Newsletter Issue 5 - turkmen.pub

Transkript

Newsletter Issue 5 - turkmen.pub
For every child
Health, Education, Equality, Protection
ADVANCE HUMANITY
UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND
ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE
Nowruz aýy, 2007 ý.
ÝUNISEF-iň wekiliniň aýdan sözi
5-nji neşir
Bilim – bu bir başsütündir!
Habarnamanyň şu sanynda
Çagalar üçin birleşiň:
ÝUNISEF özüniň 60
ýaş ýyldönümini
belleýär.
2
Çagalaryň diri dogulmagy barasyndaky täze
kesgitlemäniň Türkmenistanyň çäginde
girizilmegi
3
ÝUNISEF bilim ulgamynda amala aşyryljak
üýtgedip gurmalary
guwanç bilen garşylaýar
3
Dünýä çagalarynyň
ýagdaýy dogrusynda
2007-nji ýylyň hasabat
resminamasy
4
Gyzykly wakalar
• Türkmenistanda bilim almak
hemme derejelerde mugtdyr.
• 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistan ysmaz keselçiliginden
azat diýlen derejesini saklamagy başardy.
• 2004-nji ýylda Türkmenistan
Merkezi Aziýa döwletleriniň
arasynda duzyň ähliumumy
ýodlaşdyrylmagyny gazanan
ilkinji döwlet boldy.
• 2005-nji ýyldan bäri çaga
zähmeti
barasynda ýurtda
kabul edilen kanun esasynda
çagalar yň
pagta
meýdanlarynda işlemegi
gadagan edilýär.
• Türkmenistan ynsan hukuklary barasyndaky halkara
şertnamalaryň ýedisine we
beýleki ylalaşyklardyr hukuk
resminamalara gol çekip,
agza boldy.
• 2005-nji ýylda Türkmenistan
ýurtda Çaga hukugy barasyndaky konwensiýanyň (CRC)
we zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşleriniň ýok
edilmegi barasyndaky konwensiýanyň (CEDAW) durmuşa geçirlişi
barasynda
ilkinji hasabatlaryny tabşyrdy.
Türkmenistanyň hökümeti
olara degişlilikde degerli guramalardan jemleýji netijeleri
aldy.
Men şu pursatdan peýdalanyp, jenap Berdymuhamedowy
Türkmenistanyň Prezidenti
wezipesine saýlanaylmagy bilen gutlamak
isleýärin we saýlaw möwsümi döwründe we
ondan soňky birnäçe hepdäniň dowamynda
Prezident tarapyndan bilimiň gaýry goýulmasyz ähmiýete eýedigi barasynda aýdylmagy
meni begendirdi. Şeýle hem soňky hepdeleriň
içinde Türkmenistan hökümetinden bilim
ulgamynda üýtgedip gurmalar geçirmage uly
isleginiň bardygy barasyndaky oňyn habarlar
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilçiligini
höweslendirdi we geçirilmeli şol üýtgedip
gurmalara degişlilikde goldaw işlerini alyp
barmaga biz eýýäm taýarlyk görýäris.
Bilim ulgamynda üýtgedip gurmalary geçirmek
aňsat iş diýen hyýaly oý-pikirlere biz eýermeli
däldiris. Esasy bilimiň indi dokuz ýyllykdan on
ýyllyga geçirilmegi, täze bilim meýilnamalaryň
gözden geçirlip, taslamalarynyň taýarlanylmagy, okuw kitaplarynyň we beýleki bilim
serişdeleriniň işlenilip düzülmegi, şeýle hem
ýaşlaryň köprägi üçin okuwlaryny daşary ýurtlarda dowam etdirip, tamamlamak mümkinçilikleriniň açylmagy ähli okuwçylar üçin internetiň elýeterli edilmegi- bularyň hemmesi köp
tagalla edip, işlemegi hem köpsanly gyzyklanma bildiren taraplaryň has ýaýbaňlandyrlan
hyzmatdaşlykda bolmagyny talap edýär.
Şeýle diýmek bilen, ÝUNISEF-iň Türkmenistan hökümeti bilen ýurtda bilimiň hilini
gowylandyrmak ugrynda ençeme ýyllaryň
dowamynda gowy işler edenligini belläp
geçmek gerek. Mysal getirsek, onda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen ÝUNISEFiň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlykly tagalla-
larynyň netijesinde
geçen şu aýyň
içinde Aşgabadyň
mugallymçylyk
kolledjinden
20
mugallymyň
çagalara hoş niýetli
mekdepler meselesine degişli geçirlen
tälim beriji
okuwa gatnaşandyklary munyň bir
mysaly
bolup
biler.
Türkmenistanda
eýýäm hoşniýetli mekdepleriň 20 bar, indi
bolsa biz Türkmenistanyň hemme çagalarynyň
şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, hezil
edip öwrenmegiň adaty bir düzgüne öwrülen
mekdeplere gatnamagyny üpjün eder yaly bu
maksatnamanyň ýaýbaňlandyrlyp, mundan
beýläk hem uly depginde durmuşa geçirilmegini gazanmaly. Şeýle hem geçirilýän Köp
görkezijili toparlaýyn sorag-jogap işiň (MIKS)
netijeleri şu habarnamamyzyň geljekki sanynda
siziň dykgatyňyza ýetirler diýip biz umyt
edýäris. ÝUNISEF tarapyndan şular ýaly iş
dýnýä ýurtlarynyň 50 gowragynda alnyp
baryldy. Onuň görkezijileri bilime, saglyga we
iýmitlenme yagdaýyna, hem-de suw üpjünçilik
we arassaçylyga degişli. Şu işiň netijeleriniň
mümkin boldugyça giňişleýin çap edilmegi
örän möhümdir , çünki diňe şeýle edilende,
ýurduň hökümetine we gyzyklanma bildirýän
beýleki taraplara çagalaryň we zenanlaryň durmuşlaryny gowylandyrmagy maksat edinýän
çäreleri meýilleşdirmekde ýardam edip bolýar.
ÝUNISEF-iň wekili Mahbub Şarif
Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär
ÝUNISEF özüniň 60 ýaş
çäginde bir topar care
geçirdi.
60 ýaş ýyldönümine degişli
geçirlen çäreler barasynda
köpräk maglumaty şu habarnamanyň 2-nji sahypasyndan okap bilersiňiz.
For every child
Health, Education, Equality, Protection
ADVANCE HUMANITY
UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND
Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär
ýatlaýar.
Şeýle hem sergide
goýlan şekiller çaganyň ölmän
galmagy, ösüşi, goralşy we
gatnaşygy meselelere degişli
ulgamda ÝUNISEF bilen
Türkmenistan hökümetiniň
arasyndaky 15 ýyllyk hyzmatdaşlygy suratlandyrýar.
(1-nji sahypanyň dowamy)
Çagalaryň hukuklary barasynda
ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Ýaşlar
guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiren
tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi
ÝUNISEF-iň ýyl dönümi bilen bagly
dabaranyň çäginde geçirlen çäreleriň
ilkinjisi boldy. Şol tegelek stoluň daşynda
özleriniň bilime, saglyga, goragly bolmaga we gatnaşmaga bolan hakhukuklary barasyndaky söhbetdeşlige
gatnaşmak üçin dürli-dürli gelip çykyşy
bolan çagalar jemlendiler. Özara işjeň
gatnaşygy höweslendirmäge niýetlenen
ýumuşlar we oýunlar arkaly çagalar
ÝUNISEF-iň dünýä möçberinde amala
aşyrýan işleri dogrusynda bilimlerini artdyrdylar we öz hak-hukuklarynyň goralmagyna nähili ýetip biljekdigi barasynda
öwrendiler.
ÝUNISEF-iň taryhyna we ösüş onýyllyklaryna hem ÝUNISEF bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanylyp 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 5-nde açylan, Türkmenistanyň Milli saz we drama teatrynda bir
müň çemesi myhmany üýşüren foto
sergi şeýle dabaraly seneleriň biri boldy.
Şol foto sergi ÝUNISEF-iň 60 ýaş
ýyldönümine bagyşlanmak bilen
onýyllyklar arkaly halkara derejesinde
çagalara kömek etmek işiniň II-nji Jahan
urşundan bäri neneňsi ýol alandygyny
Surat sergisinden soň Türkmenistanyň Milli saz we
drama teatrynda çagalar tarapyndan taýarlanan ajaýyp konserte
tomaşa edildi. Ýaş skripkaçylar ansamblynyň, horuň, tans toparlarynyň we
ayry-ayry aýdymçylaryň , şol sanda çagalaryň çykyşy, bir müň çemesi tomaşaçylarda, , ýatdan çykmajak täsir
galdyrdy. Klassiki sazdan populyar
saza, jazdan folklýora çenli öz içine
alýan dürli çykyşlar çagalaryň bile jem
biolanda neneňsi güýçli bolýandygyny
görkezdi.
Şol konsertiň açylyş dabarasynda söz
sözlän, Türkmenistanyň
medeniýet,
tele we radio gepleşikleriniň ministriniň
orunbasary Myrat Orazow şeýle diýdi:
“ Çagalar gaznasy ÝUNISEF ýaly
dünýä belli edara bilen işleşmek bize
berilen
uly artykmaçlykdyr”.
“Öňümizdäki ýyllarda
biziň
ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygymyz
barha ýaýbaňlanar we çagalar üçin oňyn
netijeler berer diýen umydymyz bar”
diýip, jenap Orazow sözüniň üstüne
goşdy.
1946-njy ýylda adatdan daşary ýagday
meseleleri boýunça gurama hökmünde
döredilen ÝUNISEF uruş sebäpli
heläkçilige uçran Ýewropany we Hytaýy
azyk harytlary, süýt we egin-eşik bilen
üpjün etdi. Döräli bäri geçen alty
onýyllygyň dowamynda ÝUNISEF
adatdan daşary ýagdaýa degişli
gaznadan
ýer ýüzüniň
çagalaryň hak- hukuklaryny gorap çykyş edýän
we çagalaryň isleglerini
kanagatlandyrýan ösüş
guramasyna öwrüldi.
serişdelerini çap etmek hem-de çagalaryň hak-hukuklary barasynda
bilim düşünjäni, habarlylygy artdyrmak maksady bilen çagalar, eneatalar, hökümet wezipesindäki hyzmatdaşlar üçin çäreler geçirmek bilen
geçirdiler. “ Çagalar ýurdumyzyň iň
uly baýlygy bolup durýar, we Türkmenistan öz raýatlary üçin iň gowy
geljek bilen üpjün etmegi kepil geçýän
bolsa, onda ol ilki bilen çagalarynyň
gowy bilimli, terbiýeli, sagdyn we
goragly bolmagyny üpjün etmeli”,
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky
wekili geçirlen dabarada sözlän
sözünde belläp geçdi.
Şeüle hem ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilçiligi edaranyň
ýyldögümini welaýat derejesindäki
mekdeplere we hassahanalara hem-de
ýerli häkimliklere sapar bilen baryp,
ÝUNISEF-iň taryhy we amala aşyrýan
işleri barasynda çykyşlar edip we çaganyň hukuklary barasynda çagalaryň
bilimini artdyrmaklyga bagyşlanan
çäreler geçirip, bellediler. ÝUNISEFiň hökümet derejesindäki hyzmatdaşlary bilen tegelek stoluň daşynda
geçiren söhbetdeşligi ÝUNISEF-iň 60
ýaş ýyldönümine bagyşlanyp geçirlen
dabaraly çäreleriň jemleýjisi boldy.
ÝUNISEF
özüniň
ýyldönümini bütin ýer
togalagynyň çäginde çagalar meselelerine degişli
dürli möwsümleri gurnamak, şeýle hem esasy neşir
Sahypa 2
ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE
For every child
Health, Education, Equality, Protection
ADVANCE HUMANITY
UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND
SAGLYK: Türkmenistan çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň
halkara derejesindäki ülňülerini girizýär
Geçen ýylyň Sanjar aýynda Türkmenistan hökümeti çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara
derejesinde ykrar edilen ülňülerini
kabul etdi. Şu ýylyň Türkmenbaşy
aýynyň 1-nden Türkmenistanyň lukmançylyk edaralary Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemelerini ulanyp başlady we şol
kesgitlemeleriň durmuşa geçirlişine
gözegçilik etmek üçin ýörite iş topary
döredildi. Çaganyň diri dogulmagyna
degişli kesgitlemäni kabul
etmek bilen Türkmenistan
hökümeti çagalaryň
ýaşamaga we ölmän galmaga
bolan hukugynyň berjaý
edilmegi ugrunda tagalla
etjekdigini subut edýär.
Türkmenistanyň şeýle kakar
gelenliginden ugur alyp,
merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary çaganyň diri dogulmagyna degişli
kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerini durmuşa geçirýärler we bu
ugurda tagalla etjekdigine söz berýärler.
Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan
teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna
degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerine geçmek öňki Sowet
döwriniň muňa degişli tekliplerinden bir
ädim tesmegi aňladýar we öňler düşük
boldy, ýa-da öli dogdy diýlip hasap
edilen bäbekleriň diri galyp ýaşamagyna
bir mümkinçilik bolar. Şeýle hem Türkmenistan hökümetiniň şeýle çözgüdi
täze dogan bäbekleriň ideginiň gowylandyrmak - lygyna, ölmän galmagyna
we kömek edilmegine we mundane
beýläk hem çaga we ene ölüminiň azalmagyna, galyberse-de Ösüşiň müňýyllyk
maksatlaryna üstünlikli ýetmeklige tarap
gönükdirlen uly tagalladyr. Türkmenistanyň Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri
dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerine geçmegi
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar
Gaznasy bolan ÝUNISEF –iň , Dünýä
Saglyk Guramasynyň (DSG), Birleşen
Milletler Guramasynyň
Ilat
Gaznasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Halkara Ösüş Edarasy
ÝUSAID-iň we Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Kesellere Gözegçilik etmek
we öňüni almak merkeziniň (KGM)
başlangyçlary tarapyndan goldanylýar.
BILIM: ÝUNISEF Tükmenistanyň bilim ulgamynda geçirilmegi
meýilleşdirilýän üýtgedip gurmalary begenç bilen garşy alýar
Tükmenistanyň bilim ulgamynda gelejekde geçirilmegi mümkin bolup
durian üýtgedip gurmalar çagalaryň has
gowy durmuşda ýaşamagyna ýurduň
bolsa gülläp ösmegine mümkinçilik
berýär.
ÝUNISEF-iň Tükmenistandaky
wekilçiligi ÝUNESKO-nyň Tähranda
ýerleşýän sebitdäki dört döwletine degişli klaster edarasy bilen bilelikde bilim
ulgamynda üýtgedip gurmalar
(reformalar) geçirmek barasynda berilýän sözleri oňlap, garşy alýarlar.
Geçirilmegi garaşylýan üýtgedip gurmalaryň hatarynda esasy bilimiň indi
dokuz ýyllykdan on ýyllyga geçirilmegi,
ähli okuwçylar üçin internetiň elýeterli
edilmegi, şeýle hem ýaşlaryň köprägi
üçin
okuwlaryny daşary ýurtlarda
dowam etdirip, tamamlamak mümkinçilikleriniň açylmagy girýär. Şeýle üýtgedip gurmalary dessine başlamak barasynda edilýän wadalar Türkmenistanyň çagalary üçin , şeýle hem geljekki nesiller üçin bir giden täze mümkinçilikler açýar. Teklip edilýän refor5-nji neşir
malaryň netijeli durmuşa geçirilmegi
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň halkara derejedäki bilim ülňülerine goşulmagyna ýol açar; Türkmenistanyň
mekdepleriniň berýän orta bilim şahadatnamalaryna halkara derejesinde sarpa
goýular we Türkmen okuwçylaryna
daşary ýurtdaky maksatnamalardan
peýdalanmagy aňsatlaşdyrar. Ýokary
bilim ulgamynyň hem çaginde geçiriljek
uly üýtgedip gurmalar, şol sanda bäş
ýyllyk okuw maksatnamalarynyň girizilmegi, Türkmenistanda alynan ýokary
bilim diplomlarynyň halkara derejesinde
giňden ykrar edilmegine kepil bolar.
Çagalaryň aňry baş derejeli bähbitlerini
gorap çykyş etmek maksady bilen, Türkmenistan birnäçe halkara şertnamalary
Kabul etdi. Bilim bolsa şular ýaly ylalaşyklaryň çägindäki borçnamalaryň
üstünlikli berjay edilmeginde esasy
sütünleriň biri bolup durýar. Bilim halkara ülňülere laýyk getirmek maksady
bilen geçirilýän aýry-aýry çäreleriň arasynda mekdep meýilnamalarydyr- maksatnamalaryny kämilleşdirmek durýar.
Bu bolsa mugallymlary taýarlamak işine
has köp maýagoýumlaryň edilmegini we
çagalara degişli meseleleriň we çaga
hukuklarynyň mekdep maksatnamalarynyň aýrylmaz bir bölegi hasaplanmagyny talap edýär. Türkmen çagalarynyň häzirki zaman öwrenme we
bilim alma guraldyr- abzallarynyň
hemmesinden peýdalanmaga mümkinçilikleri bolar ýaly, olaryň ählisi üçin
Internet hyzmatlarynyň el ýeterli edilip
goýulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.
Edil öňler bolşy ýaly ÝUNISEF we
ÝUNESKO
Türkmenistanyň bilim
ulgamynyň hemme derejelerinde berilýän bilimiň hiliniň gowylandyrmak
ugrunda edýän tagallalaryna goldaw
bermegini dowam eder. Geçirilmegi
garaşylýan üýtgedip gurmalar çagalar
üçin edilýän maýa goýumlaryň artdyrylmagyna hoşniýetli mümkinçilik
döredýär. Türkmenistan hökümeti,
ÝUNISEF, ÝUNESKO we beýleki
gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk goýberilýän maddy
serişdeleriň diňe Türkmenistanly çagalaryň ýagty geljegi üçin sarp ediljekdigini kepil geçip bilerler.
Sahypa 3
For every child
Health, Education, Equality, Protection
ADVANCE HUMANITY
UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND
Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasy:
Çagalara kömek etmek maksady bilen zenanlara köpräk ygtyýarlyklar bermeli
Jyns nukdaý nazaryndan
(gender) kemsitmeleri
ýok etmek we zenanlara
has köpräk ygtyýarlyklar
bermek çagalaryň ölmän
diri galmagyna we olaryň
durmuş ýagdaýlarynyň
gowylanmagyna uly we
oňyn täsirini ýetirip biler
diýlip
ÝUNISEF-iň
dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda taýarlan täze hasabatynda
nygtalýar.
laryň, şeýle hem gender
esasynda amala aşyrylýan
zulumçylygyň öňüni almak
çäreleri hem goşulmaly.
Gender taýdan deňligiň
“goşa bähbidi” bolmak
bilen, ol zenanlar hem çagalar üçin
peýdaly bolar. Mundan başga-da ol
maşgalalaryň , jemgyýetçilikleriň we
halklaryň saglygy we ösmegi üçin
esasy zatdyr, diýlip Dünýä çagalarynyň
ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat
resminamasynda aýdylýar.
ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji müdiri
Änn M. Winmän “Gender taýdan
deňlik we çagalaryň gowy durmuş
ýagdaýda bolmagy özara berk baglydyr. Eger-de
zenanlara doly we
öndürijilikli durmuşda ýaşamak üçin
gerek bolan ygtyýarlyklar berilende,
çagalar we maşgalalar gülläp ösýär.”
diýip nygtady.
Şu h a s a b a t
resminamasyna
laýyklykda aýallaryň esasy çözgütlere
ýetirýän täsiri aýallaryň ýaşaýyşlaryny
gowylaşdyrýar we çagalaryň maddy
durmuş ýagdaýyna we ösüşine oňyn
täsir edýär.
Dünýä
çagalarynyň
ýagdaýy
Kanunçylyk kwotalary:
kwotalar aýallaryň ýurduň
syýasy durmuşyna gatnaşdyrylmagyny
kepil
geçýänlikde subut edilen
usulýetdir. Parlamentiniň
hatarynda aýallaryň sany
köp bolan ýurtlaryň 20sinden diňe 17-nde kwotalaryň haýsy-da bolsa bir
görnüşi ulanylýar.
dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasynda gender taýdan deňlige
ýetmek üçin geçirilmeli işleriň ýedisi
agzalyar:
Bilim: esasy çäreleriň arasynda mekdep
töleglerine degişli düzgünnamalary
ýatyrmak we ene-atalary we jemgyýetçilikleri gyzlaryň okuwyna maýa
goýumlar etmäge höweslendirmek.
Maliýeleşdirmek: Gender taýdan
deňlige we zenanlaryň ygtyýarlyklarynyň
artdyrylmagyna degişli maksada ýetmek
üçin gerek bolan serişdeler ýeterlik derejede ykrar edilmedi. Gender taýdan
kemsidilmeleriň ýok edilmegine gerek
bolan maýa goýumlar döwlet býüjet
serişdelerine we meýilnamalaryna goşulmalydyr.
Kanunçylyk: Eýeçilik kanunyna we
mirasçylyk hak-hukuklaryna degişli
döwlet kanunçylygy aýallary hem nazarda tutýan derejede bolup, sol sanda
maşgalalarda ýüz berýän zulumçylyk-
Zenanlar zenanlara has köp
ygtyýarlar berýär: mümkinçilikleri pes
bolan aýallaryň deňlik we has köp ygtyýarly
edilmegi ugrundaky hereketi netijelidir we bu
çäreler syýasaty döretmegiň aşaky basgançaklarynda geçirlip bilner, çünki diňe şol
basgançakda maksatnamalar düzülende
zenanlaryň we çagalaryň islegleri hem nazarda tutulyp bilner.
Erkekleri we oglanlary goşmak: gender taýdan deňliligiň bähbitlerinden ugur
alyp, erkekleri we oglanlary, şeýle hem
zenanlary we gyzlary bilimli etmek, şeýle
hem kararlaryň bilelikde alynmagy hyzmatdaşlygyň has berk görnüşiniň döräp
ösmegine alyp barar.
Kämilleşen gözegçilik we maglumat:
has gowy hilli maglumat we seljeriş
işleri , hususanda ene ölümine, aýallara
garşy zulumçylykly hereketem bilime, iş
üpjünçiligine, aýlyklara, nölegsiz işlere
we wagytdan peýdalanmaklyga hem
syýasapa gatnaşmaklyga gezek gelende,
örän möhümdir.
Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasyna degişli
maglumaty internetiň http://www.unicef.org/sowc07 sahypasyndan alyp bilersiňiz
Soraglaryňyz, tekl ipleriňiz, ýada ba şga
bellikleriňiz bar bolsa, siz ÝUNISE F-i ň
Türkmenistandaky wekilçiliginiň
aragatnaşyklar bölümine ýüz tutup bilersiňiz
ÝUNISEF
Galkynyş köç., 40 jaýy,
Aşgabat 744013 Türkmenistan
Telefon: +99312 425681/82/85/86
Faks +99312 420830
Email: [email protected]
http://www.unicef.org/turkmenistan