Garagum derıasy

Transkript

Garagum derıasy
Garagum derýasy
17.09.2009 15:18 -
Ymgyr çölden Garagum derýasynyň çekilmegi diňe bir ýeke damja suwa tebsirän ösümliklerdir
çöl haýwanlary üçin däl, tutuş halkymyz üçinem hakyky bagt bulagy boldy. Uly suwly bu
derýanyň çöl göwsüni dilip geçmegi bilen türkmen halkynyň durmuşynda düýpli özgerişlikler
başlandy.
Garagum derýasy ýurdumyzyň ykbalynda öz ähmiýeti boýunça diýseň uly orny eýeleýär. Şonuň
üçinem söhbedimiziň başynda «Uly suw» adyny alan bu derýanyň taryhy hakda kelam agyz
aýdyp geçsek, artykmaçlyk etmese gerek. Çünki bu gün Garagum derýasynyň boýunda ýaşap,
dürli önümler öndürip, onuň süýji suwunyň lezzetini görüp ýören üç milliondan gowrak
ildeşlerimiz üçinem, tutuş halkymyz üçinem uly suwly bu derýanyň taryhy diýseň gyzykly bolsa
gerek. Özem bu derýanyň gurluşygy geçen asyryň ortasynda başlananam bolsa, şeýle derýany
döretmek arzuwynyň ata-babalarymyzyň kalbynda has ir şineländigini turuwbaşdan belläsim
gelýär.
XVI asyryň ýetmişinji ýyllarynda Amyderýanyň Uzboýuň ugry bilen Hazar deňzine akmasy
kesilensoň, günbatarly türkmenler suwsuzlygyň zaryny has ýiti çekip başlaýarlar. Şondan soň
Balkan degresinde ýaşaýan ilatyň aglabasy gurap galan akabanyň ters yzyny çalyp, suwly
ýerlere göç edenem bolsalar, ata-babalarymyz, nähilem bolsa, Amyderýanyň mele suwuny
ýene-de Günbatar sary akdyrmagyň pikirinde ýaşaýarlar. Pederlerimiz bu arzuwlaryny amala
aşyrmak üçin, aýdylyşy ýaly, kän çaý sowadýarlar. Baryp, Pýotr I döwründe türkmeniň gerçek
ogullarynyň biri Hojanepesiň il-halkyň maslahatlaşyp çözen meselesini ors patyşasyna ýetirmek
hem-de bileleşip bu işi amala aşyrmak teklibini öňe sürmek üçin Peterburga gidendigini biz
bilýäris. Ol şonda Jeýhun bilen Hazaryň suwy birleşdirilse Hindistana çenli suw ýolunyň
açyljakdygy, onuň bolsa döwletleriň gämi arkaly söwda gatnaşyklaryny etmeklerinde bahasyna
ýetip bolmajak hyzmatynyň boljakdygy baradaky pikiri-de mälim edýär. Elbetde, belli türkmen
täjiri Hojanepesiň pikiri ors patyşasyny gyzyklandyrýar. Şonuň üçinem XVIII – XIX asyrlaryň
dowamynda Amyderýanyň suwuny Hazara eltmek pikiri bilen gyzyklanyp, birnäçe
ekspedisiýalar guralýar, ençeme taslamalar taýýarlanylýar. Emma, dürli sebäplere görä, ol
taslamalaryň hijisi-de amala aşyrylmaýar.
Ahyr, geçen asyryň ortasynda ymgyr çölüň göwsünden suw geçirmek barada işlenilip düzülen
tapgyrlaýyn taslamalar göwnemakul görülýär. Şeýdibem, 1952-nji ýylda Türkmenistanyň
Hökümeti tarapyndan Garagum derýasynyň birinji nobatynyň taslamasy tassyklanylýar. Aradan
iki ýyl geçensoň, ýagny 1954-nji ýylda bu taslama işe girizilýär. Netijede, aňňat-aňňat gum
depeleriniň arasyndan geçip, Jeýhunyň mele suwuny Murgap derýasy bilen birleşdirjek
derýanyň birinji nobatynyň gurluşygyna girişilýär. Aradan bäş ýyly geçirip, ýagny 1959-njy ýylda
birinji nobatyň taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, Başsakadan bat alyp gaýdan mele suw
Murgap derýasyna guýulýar.
Garagum derýasynyň gurluşygynyň ikinji nobatynyň taslamasynyň maksady mele suwy Tejen
derýasyna birikdirmekdi. Derýa gurujylaryň tutanýerli tagallasy bilen bu menzil iki ýylda geçilip,
1961-nji ýylda Amyderýanyň suwy Tejen derýasyna guýdurylýar. Şeýdibem, üç derýanyň
suwlary birleşdirilip uly, tutuş bir suw ulgamy kemala getirilýär.
Garagum derýasynyň gurluşygynyň üçünji nobatynyň taslamasynda gojaman Jeýhunyň suwuny
Aşgabada ýetirmek göz öňünde tutulýardy. Emma 1961-nji ýylyj juda gurak gelmegi üçünji
nobatyň gurulmaly möhledini has gysgaldyp, işleri örän ýokary depginde alyp barmak
zerurlygyny ýüze çykarýar. Sebäbi şol ýyl Aşgabatda suw gytçylygy ýiti ýüze çykypdy.
Ýagdaýdan baş alyp çykmak üçin Türkmenistanyň Hökümeti darajyk hana boýunça 8 aýda
1/3
Garagum derýasy
17.09.2009 15:18 -
suwy Tejen derýasyndan Aşgabada ýetirmek hakda karar kabul edýär. Elbetde, bu karar suw
işgärleriniň tutanýerli zähmeti netijesinde bellenilen möhletde ýerine ýetirilýär. Şeýlelik bilen,
paýtagtyň ýaşaýjylary 1962-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 12-sine uly dabara bilen «Uly suwy»
garşylaýarlar. Soňky ýyllarda derýanyň ini kem-kem giňeldilip, häzirki kaddyna ýetirilýär.
Paýtagtdan Günbatarlygyna sary pata alan mele suw Gökdepe etrabyna eltilýär. Şonda onuň
umumy uzynlygy 840 kilometre deň bolýar. Şondan soň Garagum derýasynyň dördünji
nobatynyň gurluşygyna girişilýär. Bu nobatyň wezipesi Gökdepede ätiýaçlyk suw gory bolar ýaly
uly howdan gurmakdan we derýanyň ýoluny ýene-de günbatarlygyna dowam etdirmekden
ybaratdy. Garagum derýasynyň edermen gurluşykçylary tarapyndan bu uly wezipe-de abraý
bilen ýerine ýetirilýär. Bu töweregiň halky üçin juda ähmiýetli bolan howdanyň gurluşygy
üstünlikli tamamlanyp, derýa suwy 1981-nji ýylda 1100 kilometrlik uzak hem jepaly ýoly geçip,
Bereket etrabyna eltilýär. Ondan aňryk suw ýoly turbalar arkaly dowam etdirilip Balkanabat,
Hazar, Türkmenbaşy şäherlerine ýetirilýär. Emma, şondan soň, tä mukaddes
Garaşsyzlygymyzy alýançak, Garagum derýasynyň gurluşygyny dowam etdirmek başartmaýar.
Diňe mukaddes Garaşsyzlygymyzdan soň derýanyň gurluşygy täzeden jana gelýär.
Ýeri gelende aýtsak, Garagum derýasyny gurmak üçin şol döwürler ep-esli harajat sarp
edilenem bolsa, müňlerçe gektar ýeri suwlulandyryp, pagtaçylygyň ösmegine uly itergi beren bu
derýa özüne edilen ähli çykdajyny gysga möhletde ödedi. Maglumatlardan görnüşi ýaly, diňe
1959 — 70-nji ýyllarda bu emeli derýanyň suwy bilen suwarylan ýerlerden 2509,4 müň tonna
pagta öndürilipdir. Şonça mukdardaky «ak altynyň» beren girdejisiniň bolsa, Garagum
derýasyny gurmak üçin edilen ähli harajaty artygy bilen ödändigini alymlar ýazýarlar. Elbetde,
agzalan ýyllarda bagt derýasynyň suwundan gandyrylyp ýetişdirilen gök önümleriň, dänäniň,
bakja we beýleki ýekinleriň döwlete getiren girdejilerinem hasaba alsaň-a, onda bu derýanyň
örän gysga möhletde özüne edilen çykdajylary artygy bilen ödändigine has-da aýdyň göz
ýetirýäris.
Jeýhunyň mele suwunyň günbatarly doganlarymyzyň ryskyna rysk goşup, bereket bolup
akýanyny Beýik Galkynyş eýýamynda biz eýýäm görüp ýörüs. Öň suwsuzlyk zerarly ekin ekip
bilmän, guýy gazyp diňe maldarçylyk bilen iş salşyp gelen balkanlylar özbaşdaklyk alalymyz bäri
düýp babalarynyň kesbini ýöredip, daýhançylyk bilen meşgullanyp başladylar. Indi ol ýerleriniň
birnäçe etraby pagta-da, bugdaýam, gök-bakja ekinlerinem ekýärler. Nesip bolsa,
Maşady-Missirian, Dehistan düzlükleriniň asylky berekedine dolanjak wagty-da indi daşda däl.
Bir mahallar Aleksandr Makedonskiniň «Bagtly ilat» diýip atlandyran bu ýerleri Garagum
derýasynyň gelmegi bilen ýene-de jana gelip, ýakyn ýyllarda bereketli hasyl önýän künjege
öwrüler. Muňa hiç hili şübhe ýok. Çünki Garagum derýasynyň öz geçen ýerini bagy-bossanlyga,
ekinzarlyga, ýaşaýşyň joş urýan jennet mesgenine öwrüp barýanyny ählimiz görüp-bilip ýörüs
ahyryn. Hut şonuň üçinem halkymyz bu derýa rysgal-bereketiň çeşmesi, bagtyň bulagy, jöwzaly
çölde jenneti dörediji keramat hökmünde seredýärler. Munuň özi ýöne ýerden däl, häzirki
wagtda dünýäde iň uly emeli derýalaryň biri bolan bu derýanyň suwundan ýurdumyzyň ilatynyň
60 göteriminden gowragy peýdalanýar.
Başsakadan gözbaş alyp gaýdýan Garagum derýasy diňe bir oba hojalyk ekinlerini suwarmak
bilen çäklenmän, agyz suwy hökmünde-de giňden peýdalanylýar. Bu derýanyň ugrunda
ençeme senagat kärhanalary gurlup, olara gerekli suwy şu derýa doly üpjün edýär. Ýurdumyz
üçin örän ähmiýetli şeýle kärhanalaryň hatarynda Mary suw elektrik stansiýasyny, «Şatlyk» gaz
känini, Abadan elektrik stansiýasyny, Ýaşlykdaky kagyz kombinatyny we ýene-de ençeme
kärhanalary mysal getirmek bolar. Şeýle kärhanalaryň döremegi bolsa ýurdumyzyň diňe bir oba
hojalygynyň, senagatynyň gülläp ösmegine däl, eýsem durmuş meseleleriniň oňyn
2/3
Garagum derýasy
17.09.2009 15:18 -
çözülmegine-de, täze-täze iş orunlarynyň döremegine-de giň mümkinçilik açýar.
Özleşdirmäge we ekin ekmäge ýaramly 4,4 mln. gektar az suwly we suwsuz meýdanlardan
akyp geçýän Garagum derýasynyň ugrunda täze-täze ekerançylyk hojalyklarynyň, ilatly
nokatlaryň dörändigini-de aýtmak gerek. Şu wagtlar ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösmegine uly
goltgy bolup duran Hanhowuz, Şyhmansur, Gülistan tarp we boz ýer massiwleriniň, Garagum,
Gäwers etraplarynyň döredilmeginiň badalgasy hut Garagum derýasydyr.
Nirede suw bolsa, şol ýerde ýaşaýyş bar. Şatlyk şäheri, Başsaka, Zeýit, Garamätnyýaz,
Parahat, Hanhowuz, Ýaşlyk şäherçeleri hem Garagum derýasynyň geçmegi bilen dörän ilatly
nokatlardyr.
Bagt derýamyzyň ýene bir ähmiýetli tarapy, onuň ymgyr çölüň göwsüni dilip geçmegi bilen, bir
mahallar çöl diýeniňde ýadyňa-oýuňa düşmejek täze-täze pudaklaryň döränligidir. Häzirki
wagtda bu derýanyň ugrunda balykçylyk hojalyklarynyň ençemesi bolup, olar halkymyzy täzeje
hem tagamly balyk bilen üpjün etmekde mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Derýanyň ugrunda
guşçulyk hojalyklary hem barha giň gerim alyp, olar ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny
berkitmäge ýakyndan ýardam edýärler. Görşümiz ýaly, Garagum derýasynyň ýurdumyzyň oba
hojalygyny, senagatyny ösdürmekde uly hyzmaty bar. Ýöne ýylyň ähli paslynda dolup akmagy
üçin, bu derýanyň uly ünsi, zähmet-yhlasy talap edýändigini-de aýtmak gerek. Şonuň üçin
Garagum derýasyny gözbaşyndan tä aýagyna çenli berk gözegçilige alyp, akabany
gyrmançalardan arassalamak, gaçylary galdyrmak, suwuň zaýaçylygyna ýol bermezlik, artyk
suwlary howdanlara ýygnap ätiýaçlyk goruny döretmek işleri suw işgärleriniň baş aladalary
bolup durýar. Häzirki wagtda bu ugurda «Garagumderýasuwhojalyk» birleşigine degişli
«Garagumsuwhojalyk» we «Garagumderýaabatlaýyş» dolanyşyklary işläp, olar diňe bir derýa
gözegçilik etmek bilen çäklenmän, suw desgalarynyň abatlygyna-da, suwlaryň bölünip
berlişine-de, suwuň ulanylyşyna-da, derýanyň kenarlaryny bagy-bossanlyga öwürmek
işlerine-de gözegçilik edýärler.
«Suw hakynda» Türkmenistanyň bütewi Kanunynyň kabul edilmegi bilen, suwy aýap
saklamaga, netijeli ulanmaga giň ýol açyldy. Häzirki wagtda Garagum derýasynyň ugrunda
daşary ýurt ýer gazyjy tehnikalarynyň 100-den gowragy we işine ussat suw işgärleriň uly topary
gije-gündiz işleýärler. Bu bolsa Garagum derýasynyň halkymyz üçin mydama bagt bulagy bolup
dolup-daşyp akjakdygyndan alamatdyr.
Suwuň sarpasyny belent tutýan türkmen halky bu emeli akynyň ähmiýetine uly baha berýär.
Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda ol ýörite Perman bilen «Garagum derýasy» diýlip
atlandyryldy. Derýanyň ady onuň esasy böleginiň Garagum çölüniň içinden akyp geçýänligi
bilen baglanyşyklydyr.
3/3