erkeklerde klımakterıia döwrı

Transkript

erkeklerde klımakterıia döwrı
ERKEKLERDE KLIMAKTERIÝA DÖWRI
Ýazan: Lukman
Sişenbe, 30 Awgust 2011 09:00
Biziň köpümiziň bilşimiz ýaly, klimaks döwri adamyň ýaşynyň ulaldygyça, gormonal we umumy
alyş-çalyş ýagdaýlarynyň, ilki bilen hem jyns mäzleriniň işiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän
döwürdir. Soňky ýyllarda jynsy gatnaşyklary işjeň alyp barmak ukybynyň erkek adamlarda 10-12
ýyla, aýallarda bolsa 7-8 ýyla çenli uzalandygy sebäpli, erkekleriň seksual durmuşy öz
dowamlylygy bilen tapawutlanýandyr. Ýöne belli bir ýaş aralygynda, erkek adamlaryň
durmuşynda ýüze çykýan bu üýtgemeler döwri uly ünsi talap edýändir.
Uzak ýyllaryň dowamynda "erkek klimaksy" diýen düşünjäniň ýerlikliligi baradaky
çekeleşmeler alnyp barylýar. Aýallarda klimaks döwri ýumurtgalyklaryň işiniň peselmegi we
önelgelilik ukybynyň ýitmegi bilen baglanşyklydyr. Erkeklerde bolsa önelgelilik ukybynyň
garrylyk döwründe hem saklanýandygyny köp maglumatlar tassyklaýar.
Her niçik hem bolsa, belli bir ýaş aralygynda erkek adamynyň bedeninde ýüze çykýan
fiziologiki üýtgemeleriň bardygyny inkär edip bolmaz.
Nerw, endokrin, ýürek-damar ulgamynyň işinde ýüze çykýan kynçylyklar "erkek
klimaksy" diýen düşünjäni aýratyn bellemäge mejbur edýär.
Erkek adam klimaks döwrüne dürli ýaşda girip biler. Klimaksyň 45 ýaşa çenli döwürde
başlanmagy irki klimaks hasaplanýar, 46-60 ýaş aralygy adaty klimaks, 60 ýaşdan soň
başlanýan klimaks döwri giçki diýip hasaplanýar.
Bu döwrüň başlanmak möhletine dürli-dürli faktorlar täsir edip biler:
Jynsy taýdan ýetişmegiň bozulmalary, ýumurtgajyklaryň işiniň pesligi, ýumurtgajyklaryň
ýumurtga haltajygyna düşmedik ýagdaýynda (kriptorhizm).
Ugurdaş keselleriň bolmagy hem öz täsirini ýetirip biler: gan basyşyň ýokarlanmagy,
süýji keseli, ateroskleroz, şikeslenme, hirurgiki usul, derman serişdeleriniň täsiri bilen biçilme
(kastrasiýa), alkogolizm, radiasiýanyň täsiri.
1/5
ERKEKLERDE KLIMAKTERIÝA DÖWRI
Ýazan: Lukman
Sişenbe, 30 Awgust 2011 09:00
Ýaşlykdan iş we dynç alyş tertibini dogry gurnaýan, beden türgenleşigini dogry geçirýän,
dogry iýmitlenýän we ýaramaz endiklerden gaça durýan erkek adamlaryň nerw we endokrin
ulgamy ýüze çykýan üýtgemelere çalt we ýeňil uýgunlaşýandyr.
Dürli keselleri, şikeslenmeleri, tertipsiz ýaşaýyş endikleri bolan erkek adamlar bu geçiş döwri
agyr geçirip bilerler. Erkek adamlary bedenine birden gyzgynlylygyň inmegi, ýüzüň we boýnuň
gyzarmagy, baş aýlanma, derlegenlilik biynjalyk edip biler.
Klimaksyň agyr geçýän görnüşlerinde el-aýagyň doňmagy, deride sanjylamalaryň döremegi,
uzaga çekýän kellagyrylaryň ýüze çykmagy mümkindir. Dogumly, özüne göwni ýetýän, nerw
ulgamy dürs erkek adamlarda hem öz-özüne ynanmazlyk, aladaçyllyk, gorky, ünsi jemläp
saklap bilmezlik häsiýeti ýüze çykyp biler.
Köp erkek adamlarda bolsa gizlin ýa-da aýdyň ýüze çykýan ruhy gamgynlylyk döräp biler.
Erkeklik jyns mäzleriniň işiniň peselmegi, ganda erkeklik gormonlarynyň peselmegine getirip,
ikilenç erkeklik alamatlarynyň ýuwaş-ýuwaşdan ýitmegine getirýär. Deriniň we myşsalaryň
çeýeliginiň ýitmegi, deriasty ýag gatlagynyň aýallara mahsus bolşy ýaly ýanbaşda, butlarda
toplanmagy, kähalatlarda süýt mäzleriniň ulalmagy (ginekomastiýa) şol alamatlara degişli bolup
biler.
Bu üýtgeşmeler bilen bilelikde başga endokrin agzalaryň işi hem bozulmalara sezewar bolýar:
galkan şekilli mäziň işi peselip, gipotireoz keseliniň, aşgazan asty mäziň işi bozulyp, süýji
keseliniň döremegine sebäp bolup biler.
Esasy bellemeli zatlaryň biri hem, endokrin bozulmalar erkek adamyň jynsy höwesini
peseldip, jynsy gowşaklyga getirip bilerler. Bu ýagdaýy gartaşan erkek adamlaryň köpüsi gaty
agyr kabul edip, öz güýçlerini barlamak üçin has ýaş aýal bilen durmuş gurmaga ymtylýarlar.
Onuň ýaly gatnaşyklar erkek adamlardan köp fiziki dartgynlylygy talap edýändir we köplenç bu
ýagdaýlar pajygaly gutaryp biler.
2/5
ERKEKLERDE KLIMAKTERIÝA DÖWRI
Ýazan: Lukman
Sişenbe, 30 Awgust 2011 09:00
Ýaşa görä, erkeklik jyns öýjükleriniň (spermatozoidleriň) hem hil taýdan üýtgeýänligini
bellemek ýerliklidir. Şonuň üçin hem erkek adamlar çaga edinmek mümkinçiligine jogapkär
çemeleşmelidir. Uly ýaşly erkek adamlardan dogabitdi şikesli çagalaryň bolup biljekdigi
ähtimaldyr.
Köp erkek adamlarda klimaks döwründe ýürekde döreýän sanjyly agyrylar biynjalyk edip, ol
agyrylar çep pilçä ýa-da çep gola berip biler. Agyrylar islendik wagt, esasan hem gije ýüze
çykyp, olar fiziki dartgynlylyk bilen bagly bolmaýar. Käwagtlar agyrylar tolgunma ýa-da bedene
gyzgynlylygyň gelmeginden soň döräp biler. Ýürekde döreýän agyrylar sagatlap dowam edip,
howa ýetmezçiligi, gorky ýaly duýgular bilen utgaşyp bilerler. Käwagtlarda ýürek urmalar
çaltlanyp, el- aýaklar sowap, adam üşedip hem biler. Şonuň ýaly ýagdaýlarda, tizden-tiz
lukmana ýüz tutup, alamatlaryň sebäbini anyklamak zerurdyr.
Eger lukman Size "disgormonal kardiopatiýa" diýen kesel kesgidi goýsa, biynjalyk
bolmaň. Ol Siziň janyňyza howp salýan däldir we işe ukyplylyk ýagdaýyňyza täsir edip bilmez.
Bu ýagdaý uzaga çekse-de, ol wagtlaýyn häsiýete eýe bolup, kem-kemden geçip gidýändir.
Ondan başga-da, ýaş üýtgemeler ýüze çykan wagtynda buşukmanyň dürli kynçylyklary hem
ýüze çykyp biler. Çalt-çaltdan buşukma, peşewiň kynlyk bilen akmagy, garnyň aşagynda we
gasykda agyrylaryň duýulmagy şol kynçylyklara degişli bolup biler. Köplenç bu alamatlar ýüze
çykýan erkeklik mäziniň adenomasy bilen bagly bolýandyr. Şonuň üçin hem özünde şol
alamatlary ýüze çykaran erkek adam urolog lukmanyna hökmany ýagdaýda ýüz tutmalydyr.
Klimaks döwrüne mahsus alamatlaryň hemmesi seýrek ýagdaýlarda bile duş gelip bilýärier.
Köplenç bir ýa-da iki alamat has aýdyň ýüze çykyp bilýändir. Bu döwürde ýüze çykýan
üýtgeşmelere dogry düşünmek we olary bolmaly zat ýaly kabul etmek wajypdyr. Ýagdaýyň
üýtgemegi ýaly kynçylyklary başdan geçirýän erkek adamlar ol alamatlaryň wagtlaýyn häsiýete
eýe bolup, basym geçip gitjekdigini ýatda saklamalydyr.
Klimaks döwri ortaça 2 ýyldan 5 ýyla çenli dowam edip, agyr görnüşleri hem wagtyň geçmegi
bilen geçip gidýändirler.
3/5
ERKEKLERDE KLIMAKTERIÝA DÖWRI
Ýazan: Lukman
Sişenbe, 30 Awgust 2011 09:00
Agyr görnüşde geçýän klimaks döwründe lukmana ýüz tutup, onuň maslahatyny almalydyr.
Ýüze çykýan alamatlaryň agdyklyk ediş derejesine görä, lukman dürli ulgamlaryň işine täsir
etjek serişdeleri maslahat berip biler:
Ruhy bozulmalary aradan aýyrjak çäreler, meselem gipnoz bilen bejergi. Şunuň bilen
bir hatarda köşeşdiriji serişdeler (bromidler, pişik dyrnak oty we ş.m.) hem maslahat berilýär.
Howsalaly ýagdaýda, gorkuda, uky bozulmalarynda sibazon, nozepam, elenium, sonapaks
berlip bilner.
Nerw ulgamynyň alyş-çalyş ýagdaýlaryny gowulandyrmak üçin fosforyň
serişdelerini we nootroplary ulanmak ýerliklidir (fitin, nootropil, pirasetam, aminalon, glutamin
turşulygy). Beýnidäki gan aýlanşygy gowulandyrmak maksady bilen kawinton, stugeron, trental,
sinnerezin ulanylýar. Wegeto-damar bozulmalaryny bejermek üçin ergotaminiň we
belladonnanyň serişdeleriniň utgaşmasy (belloid, bellaspon, bellataminal) we
alfa-adrenoblokatorlar (pirroksan, butiroksan) ulanmak hem bolýandyr.
Klimaksyň agyr geçýän görnüşlerini bejermek üçin gormon serişdeleri hem ulanylýar –
erkeklik gormonlarynyň ýetmezçiliginde testenat, testosterona propionat, metiltestosteron
ulanylýar. Gormonlary dowamly kabul etmek ýagdaýy ýüze çykanda sustanon-250, omnadren bellenilýär.
Seksual we ruhy işjeňligi tijendirmek maksady bilen witaminler toplumy (aewit,
dekamewit, pangeksawit) we uýgunlaşdyryjy serişdeler (saparal, pantokrin, hytaý limonnigi,
ehinaseýa) hem ulanylýandyr.
Gormonal üýtgeşmeleriň ýeňil geçmegi üçin, erkek adamlar hem öz gün tertibiniň dogry
guralyşyna, öz endiklerine üns bermelidir:
Uly fiziki we ruhy dartgynlylyklardan gaça durmak üçin öz iş we dynç alyş wagtyňyzy
dogry guraň.
Ýatmazdan öň arassa howada gezmeläň we agşam sagat 23.00-dan giç ýatmajak
boluň. Ýatmazdan öň akyl zähmeti bilen meşgullanmaň, telewizoryň öňünde köp oturmaň.
Mümkin boldugyndan arassa howada kän gezjek boluň, pyýada gezmeläň, özüňize köp
agram salmazdan fiziki maşklar bilen meşgullanyň.
Günde iki gezek mylaýym suwly duş (eger mümkinçilik bolsa) kabul ediň. Eger Siz
wannada suwa düşýän bolsaňyz, ondan ýüz öwürmäň. Ýöne suwuň gyzgynlygynyň 37
gradusdan ýokary bolmaly däldigini ýatda saklaň. Nerw ulgamyny köşeşdirmek üçin suwa
goşulan hwoýanyň goyy ergini peýdalydyr.
Iýmitiňize üns beriň. Endokrin ulgamynyň üýtgemeleri alyş-çalyş ýagdaýynyň
bozulmalaryna getirýändir. Şonuň üçin hem klimaks döwründe bedeniň agramynyň çalt
köpelmegi we semizligiň ýüze çykmagy bolup biler. Iýmitiňizde uglewodlary we duzy, süýjüni
çäklendiriň.
4/5
ERKEKLERDE KLIMAKTERIÝA DÖWRI
Ýazan: Lukman
Sişenbe, 30 Awgust 2011 09:00
Ýaglardan günebakar, mekgejöwen, zeýtun ýaglaryny saýlaň.
Gök önümleri köpräk iýiň. Günde 4-6 gezek, ýöne az-azdan iýmiti kabul ediň. Iýmit
kabul edeniňizden soň, azyndan 10-15 minut hereket ediň.
Çilimkeşlik, alkogol içgileri içmek ýaly ýaramaz endiklerden saplanjak boluň. Olar diňe
nerw ulgamyna täsir etmän, jyns mäzleriniň hem üýtgemegine getirýändir.
Klimaks döwründe ýüze çykýan jynsy gowşaklygy aradan aýyrmak üçin erkek adamlar jynsy
işjeňligi saklamak maksady bilen, jynsy gatnaşyklary köpeltjek bolup çalyşýarlar. Bu bolsa
ýumurtgajyklaryň tapdan düşmegine getirýändir. Ýöne tersine hem bolýar. Köp erkek adamlar
jynsy gatnaşykdan saklansa, ýene güýç toplaryn diýp pikir edýär. Jynsy gatnaşykdan uzak
saklanmak hem tohumlygyň emele gelmegini kemeldip biler. Bu kynçylyklar döremez ýaly,
özüňe agram salmazdan, kadaly jynsy gatnaşyklaryň alnyp barylmagy has dogry çözgüt
hasaplanýar.
Jynsy gatnaşyklaryň ýygylygyny her är-aýal jübütiniň özi bellemelidir.
Klimaks döwrüniň başlanmagyny garrylygyň başlangyjy diýip hasaplama ýalňyşlyk bolsa
gerek. Beden agzalarynyň üýtgemegi dowamly bolup, ol ýuwaş-ýuwaşdan amala aşyrylýandyr.
Şol döwrüň içinde erkek adam işjeň durmuş ýörelgesini alyp baryp, zähmet çekmegini dowam
etdirmelidir. Zähmet çekmäge, öz durmuş meýilleriňizi amala aşyrmaga, maşgalada
maşgalabaşy bolup, maşgala gämisini durmuşdan dogry, abraýly, merdem alyp barmaga bu
üýtgeşmeler päsgelçilik bermeli däldir. Bu diňe Siziň özüňize baglydyr.
5/5

Benzer belgeler

ıçege iokançlyklary

ıçege iokançlyklary agyrylar çep pilçä ýa-da çep gola berip biler. Agyrylar islendik wagt, esasan hem gije ýüze çykyp, olar fiziki dartgynlylyk bilen bagly bolmaýar. Käwagtlar agyrylar tolgunma ýa-da bedene gyzgynlyly...

Detaylı

bız näme üçın iadaiarys?

bız näme üçın iadaiarys? Ýazan: Lukman Duşenbe, 10 Sentýabr 2012 01:00

Detaylı

zenan syrlylygymy ia-da adatylyk?

zenan syrlylygymy ia-da adatylyk? we nerw süýümlerine baý bolan halatynda, ganyň köp mukdarynyň gelip, agyrynyň bolmagy mümkindir. Eger gyzlyk perde ýuka we çeýe bolup, gan we nerw birikmelerine garyp bolan ýagdaýynda, gan gelme we...

Detaylı