REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)

Transkript

REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)
REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)
Ýazan: Lukman
Şenbe, 20 Noýabr 2010 02:42
Demrew (Lichen) sözi adamzada Gippokratyň döwründen bäri bellidir. Deri keselleriniň köpüsi
il arasynda «demrew» diýip atlandyrylýar. Şu keseller deride reňkli tegmilleriň döräp, deriniň
soýulmagyna eltýär. «Demrew» sözi diýseň şertlidir. Mysal üçin, uçugy il arasynda gurşaýjy
demrew, psoriazy bolsa teňňeli demrew diýip atlandyrýarlar. Emma bu deri keselleriň demrew
bilen umumylygy gaty azdyr. Demrewiň dürli görnüşleri dürli sebäplere görä ýüze çykýar. Muňa kömelek infeksiýasy ýa-da
wirus, ýöne köp halatlarda immunitetiň peselmegi sebäp bolýar. Şu makalada reňkli demrew (il
arasynda kepek görnüşli demrew diýip atlandyrylýan) barada gürrüň berilýär.
Demrewiň döremegine näme sebäp bolýar
Reňkli demrew (kepek görnüşli demrew) ýer ýüzüniň ähli künjeklerinde duş gelýär. Ol
aýratyn-da howasy yssy we çygly bolan ýurtlarda giňden ýaýrandyr. Derlek adamlarda, derileriň
himiki düzüminde aýratynlygy bolan adamlarda reňkli demrewiň ýüze çykmak howpy artýandyr.
Şeýle-de bu kesel endokrin mäzleriniň işiniň bozulmalary, iýmit siňdiriş organlarynyň dowamly
keselleri, immunoýetmezçiligi bolan adamlara ýokup bilýär. Soňky ýyllarda kliniki ylmy-barlaglaryň netijesinde reňkli demrewiň genetiki meýilligidigi
(tohum yzarlaýandygy) kesgitlenildi. Reňkli demrew öýken inçekeseliniň, limfogranulematozyň
bolan ýagdaýynda has-da aňsat ýokup bilýär. Sebäbi öýken inçekeseli ýa-da
limfogranulematozy bolan syrkawlar köp derleýändirler.
Reňkli demrewi döredýän kömeleklerýorgan-düşek ýa-da egin-eşik arkaly geçip bilýär. Ýöne
bu kesel bedenlerinde kömelek bolan adamlar arkaly hem geçip bilýändir. Bu adamlar öz
bedenlerinde kömelek infeksiýasyny göterip gezseler-de, demrewiň döremegine sebäp bolýan
1/3
REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)
Ýazan: Lukman
Şenbe, 20 Noýabr 2010 02:42
şertler döreýänçä, demrew bilen kesellemeýärler.
Demrew nämeden başlanýar
Reňkli demrew adatça uly bolmadyk, gaty gyzarmadyk, deriniň ýüzünde güberilip
saýlanmaýan gülgüne tegmiliň döremeginden başlanýar. Bu tegmil käwagt sarymtyl ýa-da süýtli
gara çaýyň reňkinde bolýar. Bu tegmiller kem-kemden «doganlary» bilen birleşip, birgeňsi
çäkleri - «geografiki» nagyşlary emele getirýärler. Reňkli demrewiň tegmilleri gursakda, arkanyň
ýokary böleginde, boýunda we eginlerde bolýar.
Güne ýanan deride bu tegmiller agymtyl görünýär. Tegmiller birigip, has uly tegmilleri emele
getirýär. Ýöne olar kiçi tegmil görnüşinde hem galyp bilýär. Tegmiller gyzarmaýar, deri kepek
görnüşinde biraz soýulýar.
Lukmana ýüz tutuň
Ýokarda agzap geçişimiz ýaly, demrewiň görnüşleri köpdür. Şonuň üçin-de, teniňizde peýda
bolan nämälim tegmilleri ýa-da örgünleri özbaşdak bejerjek bolmaň. Demrewiň käbir alamatlary
başga keseleriň alamatlaryna meňzeýändir. Şonuň üçin-de, deri keselleriniň lukmanyna ýüz
tutuň. Sebäbi özbaşdak bejegi geçirjek bolup, üçran keseliňizi azdyryp, özüňize zyýan
ýetirmegiňiz mümkin.
Demrewiň her bir görnüşiniň öz bejergi aýratynlyklary bardyr. Olaryň käbirini ýörite niýetlenen
antiwirus melhemleri ýa-da kömelek infeksiýasyna garşy ulanylýan melhemleri bilen bejermeli.
Demerewiň käbir görnüşlerini adamyň immunitetini ýokarlandyrmak arkaly bejerip bolýar,
käbirleri bolsa öz-özünden aýrylýar. Şonuň üçin-de, demrewe uçran bolsaňyz, özbaşdak bejergi
geçirmän, hökman lukmana ýüz tutuň.
Demrewi nähili saýgarmaly
2/3
REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)
Ýazan: Lukman
Şenbe, 20 Noýabr 2010 02:42
Reňkli demrewi ýüze çykarmak üçin dürli usullar ulanylýar. Bu usullaryň biri-de Balzeriň ýod
usulydyr: deriniň kesellän ýerini we onuň töweregindäki sagdyn derä ýoduň spirtdäki 5%-li ergini
çalýarlar. Örgün zerarly deriniň ýumşan ýerleri sagdyn derä garanyňda has goýy reňklenýär. Bu
usuly özbaşdak ulanjak bolmaň, sebäbi keseliň hemme alamatlaryny diňe lukman anyklap biler.
Şeýle-de bu keseli Wuduň çyrasy arkaly ýüze çykaryp bolýar. Bu usulda deriniň kesellän ýerleri
sarymtyl öwüsýär.
Reňkli demrewi ýüze çykarmakda ulanylýan başga bir usul — Saburonyň sredasyny ulanmak.
Bu usulda kömelek infeksiýasynyň döräp ösmegine we ýaýramagyna ýardam berýän şertler
döredilýär. Bu şertlerde 3 hepdeden gaýmak şekilli bakteriýalar emele gelýär. Olar hamyrmaýa
kömelegine meňzeş bolup, mikroskopiki barlaglaryň netijesinde kömelekleriň topbaklaýyn
öýjükleri ýüze çykarylýar.
Melhemler kömelegi «öldürýär»
Ýokanç kömeleklere garşy ulanylýan köp dürli melhemleri saýlanyňyzda şulara üns beriň:
-
kömelegiň köpelýän ýerlerinde ýygnanýan melhemleri saýlaň;
kömelegiň bolmadyk ýerlerine aralaşmaýan melhemleri saýlaň.
Reňkli demrew adatça derä çalynýan serişdeler arkaly bejerilýär. Keseliň has ötüşen
ýagdaýlarynda ulgamlaýyn antimikotinleri ulanylýar. Olar bejergi möhletlerini gysgaldyp, keseliň
gaýtalanmagynyň öňüni alýarlar.
Ýatda saklaň: eger-de siz özüňizde demrewiň alamatlary bardyr öýtseňiz, özbaşdak bejergi
geçirjek bolmaň. Derrew lukmana ýüz tutuň. Lukman siziň keseliňizi doly anyklap, dogry
bejergini maslahat berer.
3/3

Benzer belgeler

öpüşmegıň peidasy we zyiany

öpüşmegıň peidasy we zyiany usulydyr: deriniň kesellän ýerini we onuň töweregindäki sagdyn derä ýoduň spirtdäki 5%-li ergini çalýarlar. Örgün zerarly deriniň ýumşan ýerleri sagdyn derä garanyňda has goýy reňklenýär. Bu usuly ...

Detaylı

BAP 9 - Saglyk

BAP 9 - Saglyk REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW) Ýazan: Lukman Şenbe, 20 Noýabr 2010 02:42

Detaylı