Untitled

Transkript

Untitled
KITAP BARADA
Kitapda "Ertiriñ" görnükli wä$isi we "Ýa$ulysy" McM agzanyñ, ýagny
Merdan agamyzyñ ba$dan geçiren gülküli wakalalary we hekaýalary
ýerle$dirildi. Kitabyñ içinde McM-iñ 58 sany Ertir.com-da we özüniñ
$ahsy blogynda (www.mcmblog.ru) ýazan mowzuklary bar.
Onda näme okañ lezzet alyñ!
PDF Formata geçirdi: Ertir.com agzasy: Talantlyja Ýigit
01.11.2015.ý.
"HALAÝAN GYZYÑA GO$GY ÝAZMAK"
Salawmaleýkimler. Go$gy ýazmak gowy zat, $eýle dälmi? Hasam
halaýan gyzyña ýazmak? Yöne hemme wagt beýle bolmaýar...
6-njy klasda okap ýörin. Klasda bir gyz bar, bir-birimizi halaýas.
Halaýas diý$imem du$u$yk zat ýok, ag$am öýde hat ýazyp ertesi güni
bir-birimiziñ kitabymyza ýa-da sumkamyza goýýarys. Toýda zatda
uzakdan bir-birimize seredip gülü$yäs. Bar bolanam $u. Bir gün gyz
bilen söwü$dik. Näme üçin söwü$enimem bilemok, bolgusyz samsyk
zat bolmaga çemeli. Gyz meniñ bilen gürle$enok, hat berenok. Men hat
ýazyp kitabyny arasyna goýýan, sumkasyna atýan welin, bolar ýaly däl,
okamanjyk ýyrtýa näzlije söygilim. 1 hepde ýaly gürle$medi meniñ
bilen. Näme etsem-goýsamkam diýip pikirlendim, nädemde gyz meniñ
bilen ýara$ar? n soñunda kelläme bir pikir geldi: Gyza go$gy düzmek
we düzen go$gymy okap kasseta ýazdyryp gyza bermek pikri. $uwagt
içiñizden diýýänsiñiz: "Haý samsyk, beýle-de bir pikir bormy?". Sebäbi
meñ özüm diýýän. Ýöne ol wagtlar ol pikir öran gowydyr öydip pikir
edipdim, hat-da özim bilen buýsandym.
Go$gyny yazdym. Go$gy diýmäge dilim baranok. lkinjije kupleti
häzirki ýaly ýadymda:
Sen meniñ söygilimdiñ,
Näme boldy öykelediñ?
Hatym almasañ ýazmaryn,
Ýüzüñe-de seretmerin...
Gör$üñiz ýaly, kupletiñ ba$daky iki setirinde gyza ýalbarýan, näme
öýkelediñ diýýän. Soñky iki setirde-de hatymy almasañ ýüziñe-de
seretmerin diýýän. $olar ýaly gowy go$gy. Gyz bu go$gyny e$itse
ýara$maga beýlede dursun, obadan göçer. Go$gyny okap ýazdyrdym
magnitafonda. Go$gy gutardy, kassetada-da entäk ýer köp. Ýene ýazga
dowam etdim, gyza güjük ýaly ýalbarýan: Hatyjaaa, ýara$ meniñ
bileenn, men bir kesele duçar boldum we indiki hepde operassiýa
bolýaaan ýa$ap ýa$amajagymam belli däääl diýip jögisereýän. Ynansyn
diýip aram-aram burnumy çeken bolýan, aglaýa diýdirjek bolup. Aý,
garaz masgaraçylyk. $eýdip aglap eñräp kassetañ bir tarapyny
doldurdym. B tarapy entägem bo$. ndi bir dur ahyry samsyk, onça
samsyklyk etdiñ? Ýok dostlar durmadym. Durup bilmedim. Kassetañ B
tarapyna-da Nury neressäñ ilkinji albomyndaky ''Hatyja'' diýen
aýdymyny ýazdyrdym, Seýdiniñ go$gusy:
Gözüne sürme ýara$ar,
Biline tirme ýara$ar.
Saçyna örme yara$ar,
Saçlary $amar Hatyja.
Ertesi güni okuwa gitdim. Klasa girdim, kitaplarymy stola goýup da$ary
çykdym. Kasseta-da ýanymda, nädip bersemkäm diýip pikirlenýän.
Borlaý bir ýagdaýyny tapyp bererin diýip klasa geldim. Kitaby açdym
welin, Hatyjanyñ hatyny gördüm. Meniñ bilen ýara$dy, $eýlelik bilen
kassetany bermedimem..
Aradan birnäçe ýyl geçdi, okuwy gutardyk, Hatyja ba$gasy bilen
durmu$ gurdy. Bizem näme, gulluk, okuw diýip aladalanyp yörüs.
Kasseta-da ýatdan çykdy Hatyja-da. Kim bilýä nirä goýdum kassetany,
Hudaý bilýä. Bir gün it ýaly kakap ag$amara öýe geldim. Köw$ümi
çykaryp durkam eýwandan bir owaz gelýär. Sesi garganyñ sesi ýaly
ýetginjek bir zatlar-a samyrdaýa: ''Hatyjaaa, ýara$ meniñ bileeenn, men
operassiýa bolýaaan, men ölyääännn''. Bu nämaý diýip içeri girsem,
öýdäkiler meniñ ooool dolduran kassetamy tapyp diñläp otyr ekenler.
Men öýe girdim welin, gülküleri asmana galdy. Ejem, jigilem hemmesi
gyrylýa. Entägem kakam ýokdy öýde, agzyma deperdi. (Agzyma
deperdi diýsem, agzyma aýagyny goýup ýuwa$ja itip göýbererdi). Bu
nämaý, näme edýäñizaý siz, adamçylygyñyzam ýokmaý diýip ylgap
magnitafony öçürdim. Adamçylyk priçem bärde? Näbileýin näme
diýjegimi bilmän samradym-da bir zatlar. Soñam kiçikge çagalar ýaly
torsarylyp Ak otagyma gitdim. Otagymda otyryn ejemiñ sesi eidilýä,
telefonda gürle$ýä: "Hahaha, gyyww Aýgözel, meniñ oglum $ahyr
bolup kasseta çykarypdyr ahaha, hökman alyn daary çykan wagtyñyz
ahaha..." Gülmekden gürläp bilenok. Ana $eýdibem meniñ $ahyrlyk
karieram gutardy.
Her kim öz edip bilýän i$ini etmeli. Men kim go$gy kim. Ajykdym.
"EJELERIÑ KÄBIR UMUMY HÄSIÝETLERI"
-Eje, ajygyp ugradym men-ä. Ag$am näme biirjek?
-Hudaýjanyñ berenjesinden bi$ireris-dä bir zatlar...
-Eje, Hudaýjan ag$am naharyna bize näme berer-kä?
-Ag$am görersiñ-dä, näme howlukýañ?
-Eje aýdaýsañ näme bolýa? Aýtmasañ özimi pyçaklaryn...
-Meýit, goý eliñdäki pyçagy. Çagaça-da aklyñ yok seniñ.
- Bolýa ine goýdum. Aýt onda eje, näme bi$irjek?
-Neme bi$irjekle, neme bara (Elleri bilen howada suratlandyrýar)
-Näme?
-Akgyz gelnejeñ diýip-dä hol gün. Duhowkada bi$irýämi$in.
-Eje Akgyz gelnejemiñ näme bi$irýänini nireden bileýin men?
-Neme bara... Waý meýit görersiñ ag$am bi$en wagty. Saçyñy aldyr
onda, Lomonosow ýaly gezip ýörmede.
Köçede $ähere näbelet biri adres soraýan ýagdaýynda:
-Salawmaleýkimler. Men 11-nji mkr-e gitjek welin, haýsy awtobusa
münsemkäm? Aýdaýyñda?
-(Eje öñürdýär) Aýdarysla näme aýtman. Dogan jan $u köçäñ beýlesine
geç, taksilere el galdyr. Taksistlere aýtsañ özleri aýdar...
-(Adres soraýan, taksa münjek bolsam size näme soraýyn diýýän ýaly
geñ galyp seredýär) Hä bolýala. Sag boluñ.
***
Nahar iýilýän wagty:
-Da$ary erbet sowuk, -5 gradus dagy bardyr.
-Salat iý.
-Hä? Ertir -10 gradus boljak diýýärler
-Salat iý diýýän...
-Bolýa eje. Doñaklyk boljakmy$yn ertir.
- Sakyrdamada salat iý diýýän saña.
-yjek diýdimä eje. Ertir okuwa gitmäýmesem menem.
-Nahar iýilýän wagt gürleme diýip näçe gezek aýtdym saña ulalyp
oñalmadyk? Salat...
***
Kino görüp oturan wagtymyz iñ gyzgylañly ýerde:
-Gyyww gaç otaýdan gaç. Yzyñdan biri gelýä gaç. Görmedi-da çagajyk.
Öläýmese-de biridir.
***
Ukysynda gürleýän kakanyñ agzyndan gep aljak bolup gulagyna
nätany$ aýalyñ adyny pyyrdaýar: ( Aýalyñ ady x bolsun)
-X...X...Salam men X. Men señ söýgiliñ. Meni tanadyñmy?
Ana, $eyle.
"WELOSIPED"
2-nji klasy gutaryp tomus kanikuly ba$lan wagty ýalbaryp-ýalbaryp
kakama zordan welosiped aldyrypdym. Gönümel kakama aýdyp
bilmesemem, hemie ejemi bizar edýärdim. " Eje alaýyñ-da maña
welosiped, men 5-likçäm welin alañzok, illeñ ogly 2-likçäm welin
äberýärler " diýip iñsoñunda aldyrdym. Pedala aýagymam ýetenok,
ramada eýlä-beýlä oýkanyp zordan sürýän. Welosipedime gaty gowy
seredýän, irden turyp çaý çörek iýmän ylgap welosipedimiñ ýanyna
barýan, sypalaýan, agam ýatmankam süpürsemem, ýene-de elime
matajyk alyp eýlesini-beýlesini süpürýän, oturgyjyny og$aýan, ýere
ýatyp pedalyny ýalaýan. Adam dakdym hat-da, "Dordepel" dakdym.
Welosipedine at dakan ýer ýüzündäki ýekeje çaga, men bolaýmagymam
ahmal. Näme üçin "Dordepel" dakdym ony özümem bilemok häzir aýal
dogan, ata meñzedendirin-dä. Garaz, eý görýän welosipedimi, ol çaga
wagtym "Ejeñi gowy görýäñmi kakañy? " diýip sorasalar säginmän
"Welosipedimi" diýerdim. Günorta naharyna golaý ejem dagy bazara
gitdiler. Öýde hiçkim ýok. Menem "Dordepel" bilen aýlanmaga
çykaýyn diýdim. Köçä çykdym, hezil edip sürýän welosipedimi.
Rulymy a$aky köçä öwürdim, a$aky köçeden geçip ýene öz
köçämizden yzyma, öýe gelmekçidim. A$aky köçä ýañy girip
welosipedimi sürüp ugradym welin 30 metr çemeli öñümde 5 sany
oglan otyr, köçäñ gyrasynda. Bu köçäñ oglanlary bilen kän oñ$amzok,
olar biziñ köçämize gelse biz depýäs, biziñkiler gitse olar depýäler.
Entäk 7-13 ýa$ arasynda çagalar biz, beýle nämañ du$mançylygy bu?
Yzyma-da gaýtmadym, ýanlaryndan batly sürip geçip giderin diýip pikir
etdim. Ýöne beýle bolmady, sakladylar. Da$ymy gur$ap aldylar,
menem dü$dim welosipedden. Toýly diýilýän oglan: "Eý, sen Mekanyñ
jigsi dälmeý?" diýip sorady. Menem " Ýok... Hawa... Ýöne çyn
doganym däl ol. Kakamyñ doganynyñ ogly" diýip samraýan. Näme
diýjegimi bilemok, "Hawa" diýsem bir bela, "Ýok" diýsem bir bela.
Sebabi Mekan bu köçäñ iñ uly du$many. Gorkarlar diýip "Hawa"
diýsemmikäm, ýogsa beýle diýsem has beter deperlermikä diýýän. ñ
soñunda dogrymy aýtdym "Dwoýurnym" diýip. "Dwoýurnyñ bolanda
nämow" diýip Toýly arpyk çaldy. Beýlekilerem welosipedimi depýä,
da$ zyñýarlar. Welosipedimi dependen meni depenleri gowy, mende bir
batyrgaýlyk döredi. Oglanlar bilýändirler, ol ýa$larda özüñden birje ýa$
ulam bolsa edip bilýän zadyñ ýok. Olaram menden uly, ýöne onda-da
welosipedimi ýere ta$lap "Erkek bolsañyz ýeke ýekeden geliñ" diýdim.
Hersi ýeke ýekeden gelip meni depdi, göz öñüñize getiriñ. Depdi
diýýänimem ýatyryp depmek däldaý, $arpyk urdylar, g*tüme depdiler.
Aglap welosipedimi alyp gitjek bolsam Toýly welosipedimi berenok.
Sen görersiñ häzir, ejemi üstüñden ugratjak diýip aglap öýe gaýtdym.
Öýde hiçkim ýok, nätsemkäm diýip durkam kellä Mekan geldi.
Mekanyñ öýüne gitdim, aýtdym $eýle $eýle diýip. Olam "Hany görkez,
külini çykarýan häzir, döwýänlaý" diýip gaharlanyp ýöräp ugrady.
Menem süýtden aýrylmadyk kürre ýaly oñ yzyndan ýöräp ugradym.
Barsak welosipedi gyra çekip da$ynda otyr ekenler. Dwoýurnym
Mekan baryp "Nämow öziñizden kiçini urmaga utanañzokmow, erkek
bolsañyz meni uruñ-da" diýdi. Menem hossar tapynamsoñ göwrümim
giñ. Toýly "Gerek bolsa senem urarys" diýip ýerinden turdy, 5 adam
bolup üý$üp ikimizem depip goýberdiler. Ýöne welosipedimi berdiler.
Ýolda gelýäkäk dwoýurnym Mekan "Näme üçin 5 adam diýip öñünden
aýtmadyñ" diýip meni depip ugrady. Nämä duçar bolanymy bilmän
gadym. lki bilen-ä Toýly dagy depdi, soñ dwoýurnyma aýtdym, ýene
depdiler. Ýolda-da dwoýurnym meni depýä näme üçin 5 adam diýip
aýtmadyñ diýip. "Nämaý, hemmäñiziñ güyjüñiz maña ýetýämaý" diýip
agladym. Aý garaz Stalingrad söwe$inde ýeñli$e sezewar bolan Nemes
esgerleri ýaly bolup yzymyza gaýtdyk depilip.
Öýe gelsem ejem dagam bazardan gelipdirler. Üsti-ba$ymy görip näme
boldy diýip sorady. Menem aýtdym. Welosipediñ pokry$kalaram
ýarylypdyr, ikisem, diýdi ejem. Dogrudanam ýarylypdyr, gelýäkäm
ünsem bermändirin. Toýly ýarypdyr. Ag$am adatdan da$ary hiç zat
bolmady. Ejem wakany gürrüñ berdi kakama, kakam käýedi. Entäk
"Körpeler" gutarmanka otagyma ýatmaga ugratdy. Torsarlyp otagyma
girdim. Yz ýanym bilen ejem geldi. "Ýeriñi salaýynmy oglum?" diýdi.
"Señ bilen gürle$jek däl eje, näme bolsa ag$am kakam gelende aýdyp
berýäñ, olam maña käýeýä" diýdim. "Biz näme edýänem bolsak
çagalarymyzyñ gowulygy üçin edýäris-ä oglym" diýip kellämi
sypalady. Gaharym uçup gitdi. "Bolýa" diýdim, "Bolýa eje, indi a$aky
köçä gitmerin". Ýerime geçip ýatdym. "3 idiots" daky ýaly içimden" ol
iz wel, ol iz wel" diýdim. Ertirki günüñ has gowy boljakdygyna pugta
ynanyp gözümi ýumdym. Uklapdyryn. Ertesi güni irden ejem turuzdy.
Bar, welosipediñe seredip gör, diýdi. Menem welosipedimiñ ýagdaýyny
bilýärdim, pokry$kasy ýaryk,seredesimem gelenok. Oýaly ukyly çykyp
welosipedime tarap ýöräp ugradym. Seretsem, iki tekerem abat dur.
Nähili beýle bolýa diýip ejeme soradym. "Kakañ gije ýatman
pokry$kalary ýamady, düzetdi" diýdi. Kiçem bolsam gözüm eýa
aýlanyp gitdi, ýyrardym.
"GYZ WE AŽDARHA"
Bir gyzyñ ýüregagyrysy barmy$. Operassiýa bolmasa bolanokmy$.
Gyzy operassiyonna äkidip barýarkalar, gyz kakasynyñ we söýgülisiniñ
ellerinden tutup razyçylyk aljak bolyar. "Özüme gelip biljekmi biljek
dälmi, razy boluñ, sizi söýýärin" diýýär. Gyzyñ söýgilisi we gyzyñ
kakasy gyzyñ ellerinden tutyp göwünlik berýärler: "Ýok, beýle diýme.
Sen hökman sagalarsyñ" diýýärler. Gyz operassiya bolýa, birnäçe gün
soñ özine gelip gözüni açýa. Seretse baujunda diñe kakasy otyr.
Aladalanyp söýgilisini soraýa:
-Kaka, ol nirede?
Kakasy gamgyn bolup:
-Gyzym, saña ýüregini kim berendir öýdýäñ? Sen näme bilmeýärdiñmi
yogsa?- diýýär.
Gyz örängynanyp aglap ugraýar:
-Hiii, nääämeee?
Kakasy:
-Oýun edýänlaý. Tuwalede gitdi. Geler häzir. Gyz "Heyeem bir hassa
kiä eýle oýun edilermi" diýip kakasyna gaharlanýar we oña minus
berýär.
***
Paty$anyñ 3 sany ogly bar eken. Bular öz aralarynda tagt üçin
bäsle$ýärlermi$. Paty$a bir gün ogullaryny ýanyna çagyryp:
-Haýsyñyz $oool dagyñ gowagyndaky aždarhany öldürip bilseñiz,
tagtymam $oñky bolar- diýýär.
Birinji ogly gylyjyny galkanyny guanýar, atyna atlanyp aždarhañ
ýa$aýan gowagyna ýola rowana bolýar. Gowaga golaýlap barýarka
aždarha muny görüp öldüripdir. kinji ogulam, gylyjyny galkanyny
gu$anyp atyna atlanyp gowaga tarap gidýãr. Atyndan düüp gowaga
girmänkä aždarha munam görüp $otaýjykda öldüripdir. Gezek üçinji we
körpe oglana gelen wagty patya "Oglum senbir gitme. Beýleki ogullam
gidip öldiler. Tagt saña galdy" diýse-de oglan namys edýä. "Ýok men
doganlammyñ aryny aljak, eger aždarhany öldürip aralyp bilmesem tagt
maña gerek däl" diýýä. O-da gylyjyny galkanyny gu$anyp atlanyp
gowaga gidýär. Gowaga girse aždarha ýatyr eken. Gylyjyny gynyndan
çykaryp aždarha tarap ýuwa$lyk bilen ýöräp ugraýa welin açdarha
oýanyp munam öldüripdir.
"KYN ZAT"
Esasy zat pul däl, söýgi däl. Esasy zat, öýüñizdäkiler bilen üýüp kino
görüp oturan wagtyñ kinodaky oglan bilen gyz öpü$ip ugran wagty ünsi
ba$ga tarapa sowmak üçin gürrüñ tapmaklyk. Hezil edip görüp otyrsyñ,
soñ birden atmosfera üýtgeýär. Aýdymjagaz ba$laýar, öpü$ip
ugraýarlar. Senem utanyp näme etjegiñi bilmän eýläñe-beýläñe
seredýärsiñ, samsyk-samsyk soraglar berip ugraýarsyñ. Gürrüñ
tapmasañam hala sereder oturarsyñ. Kanal çaly$aýyn diýseñem pulta
eliñ barmaz, aý häzir gutararla, diýip oturansyñ. $ol sahna 5 sekundam
bolsa 1 sagat ýaly bolýar wagty bilen gutarmaýar. ñ soñunda gutarýar,
ulydan demimi alýan menem. ndi öwreni$dim azajyk, muzyka ba$laÿar,
gyz bilen oglan ýakynla$yp ugraýa welin turyp hajathana gitjek diýip
utçyotçiga tarap ýöräp ba$laýaryn. Öpü$ip ba$laýarlar, menem
uçýotçigi öçirýän. 2 minut soñam uçýotçigi açyp "Ýañy tok gitdi
öýdýän, hajathanañ çyrasy öçdi" diýip hiç zat bolmadyk ýaly yzyma
gelýärin.
"BEDEN BIZIÑ HAKYMYZ"
4-nji klasdakak edebiýat mugallymy öý i$ beripdi, menem öý i$i ýatdan
çykarypdyryn ag$am, irden kellä geldi. Okuwa gitdim, sapak
ba$lady.Mugallyma sapak gürrüñ berýä, menem öý i$i
barlamaýbildigindendir diýip saññyrdap otyryn. Mugallym, Janna
D'Ark ýaly aýal. Örän bet. Kulhuallany 100 gezek dagy okandyryn öý
i$leri barlamasyn diýip. Sapagyñ gutarmagyma 15 minut galdy, men
sagada seredýän, wagt geçenok. ñ soñunda jañ kakyldy, mugallyma öý
iini barlamady, ýatdan çykardymy nämemi. Hezil etdim menem, uludan
demimi aldym, Auswitch konslagerdan sag çykan Ýewreý ýaly boldum.
ndiki sapagam Bedenterbiýe, ol sapagam bo$. Beden mugallymy
gelmändir ol gün. Okuwyñ meýdançasynda oglanlar bolup top
oýnamakçy. Arakesme gutarýança garadyk, sebäbi meýdançada 5-nji
klaslar top oýnaýa. Arakesme gutardy, olar klasa girdiler, bizem top
oýnap baladyk. Aradan bir 10 minut geçmänkä klasdan bir gyz geldi
ýanymyza. Mugallym çagyrýamy$, öý i$leri barlajakmy. Men öý i$imi
ýerine ýetirmämsoñ derrew gykylyga baladym, beýleki oglanlara gijjegijje berýãn, "Aý ýañy öz sapagynda barlamaly eken-dä, häzir beden
bar, biz top oýnaýas, top oýnamak biziñ hakymyz" diýýän. Beýleki
oglanlaram "Eý howwa, ýañy barlamaly eken-dä" diý$ip heý bolar ýaly
däl. Jähenneme gidenem özine ýolda$ gözlär diýli$i ýaly, maña goldaw
berensoñlar hasam göterildim menem. Gup-gyzyl bolup gygyrýan,
baramzok, aýdaý ol mugallyma diýip. Aý garaz ýañky gyzjagaza
agzymyza geleni sögüp kowup goýberdik. Gyzam edil bol$y ýaly edip
aýdypdyr mugallyma. Ol ýa$larda-da klasda oglanlar bilen gyzlañ
arasynda bäsle$ik bar, Amerika bilen Eýran ýaly birek birege.
Mugallymlar otagynyñ bir äpi$gesi biziñ top oýnap
ýörenmeýdançamyza bakýar, mugallym $ol äpi$geden gygyrýa "Çalt
geliñ 5minudyñ özinde, ýogsa eýgilige gara$mañ menden" diýýä.
Mejbur gitmeli boldyk. Ýolda barýakagam birek birege goltgy berýäris,
beden sapagynda top oýnamaga hakymyz bar diý$ip. Klasa
baranymyzda mugallym gyzlañ öýi$lerini barlap ýör ekeni. Bizi parta
oturtman tagtañ öñüne setirledi. Al saña 14 sany gozgalañçy, 14 sany
Spartaly. Ýolba$çylaram 1,50 metr boýum bilen men. Boýly boýuna
durys tagtada, gyzlaram gülüýä, häzir mugallym sizi döwýä diý$ip. Olar
biz urulsak hezil edýä, olar urulsa biz hezil edýäs, aý garaz klasymyz
kiçiräk Stalingrad.Mugallyma iñ ba$da duran, iñ uzyn oglana "Näme
çagyramda gelmediñiz? " diýip sorady. O-da sesini çykarmady. Muña
arpygy ýelmedi. Soñ oñ ýanyndaka sorady, o-da hiç zat diýmedi, oña-da
ýapytyrdy. Garaz, ýeke- ýeke arpyldadyp gelýä. 14 adamlyk hatarda
men 10-njy hatarda duryn. Mugallyma eýýäm 8-njä arpyk çaldy.
Menem gorkýan, aýal magala-da welin eli agyr muñ, ýüzüñe aždarhañ
penjesi ýaly arpygynyñ yzy çykýa. 9-njynam arpyldatdy, gezek maña
ýetdi. "McM, nãme üçin çagyramda gelmediñiz?" diýdi. Menem haçan
uraýarka diýip ýüzümi a$ak salyp duryn. Ýene sorady, barybir uruljak
bolsak içimdäkini aýdyp dynaýyn diýip " Çagyrsañyzam, beden
sapagynda top oýnamaga hakymyz bar" diýip py$yrdadym. Özümem
ynanmadym aýdyp bilenime, häzirem diýýän, bah $ol wagt $ol gaýrat
maña nireden geldikä diýip. Mugalym geñ galdy, "Näme diýdiñ, gaýtala
bol ýene?" diýdi. Mugallym beýle diýensoñ azajyk kö$e$endir öýtdimdä, "Beden sapagynda top oýnamaga hak..." diýip gutarmakam $arpyk
geldi. $arpyk gelenä hiç, çyny bilen depip ugrady. Aýal ma$gala bolsada köýnegini azajyk ýokarrak çekip depýä, kellämi tagta urýa, arpyk
urýa "Señ ($aarp)...hakyñ ($aaarp) barrrr ($aaarp)...$eý ($aarp) ...leee
($aarp)...miii ( $ybadaankk)...Nämä uçranymy bilmãn galdym, hamana
ejesine sögdim. Bary ýogy hakym bar diýdim. Aý elini bir uzadýa welin
3 gezek urýa. ñ soñunda ýadap urmany bes etdi. Ýadamasa entagem
urardy. Men çaga, ur$up ýeñilen, ütilen horaz ýaly boldym. Saçlam
galypdyr tok tutan ýaly, egnimden köýnegim sypjak bolup dur, ýakam
gy$yk. Gözümi petredip duryn ýene-de uraýmasyn bu maniak diýip.
Soñ geçiñ ýeriñize diýdi, menden soñky 4 oglany urmady. Sebäbi
ýadady, olary urmaga takady galmady, hemme energiýasyny maña
berdi. Seretsem, köw$ümiñ bir jüpi hoool gapyñ agzynda ýatyr, kim
bilýä nädip gitdi otak. Bir aýagymda bökjekläp baryp köw$ümi geýdim.
Ýeri näme aýagyñy ýere basman bökjeklän bolýañ diýsene,mugallyma
10 minut aýakýalañaçkañ urda seni. Ýerime geçip oturdym. Öý iini
etmänim üçinem urar öýtdim welin ýüregi awadymy nämemi, hiç zat
diýmedi. Öýe gelen wagtym üsti baym daganrak, ýüzim gyp-gyzyl.
Ejem näme boldy diýip sorady. Mert Türkmen ekenim, aýtmadym
mugallymyñ uranyny, Döwran bilen oýun edip uru$dyk ýolda diýdim.
Ol mugallym bilenem okuwy gutarýançak jynymyz aly$mady. Sooooñ
soñ, bir gün duralgada gördüm $ol mugallymy. Salamla$dyk. Hiç kim
ýokka arymy alaýynla $undan diýdim. Soñam,samsyklamasanaý diýdim
öz-özüme. Ýöne ýene-de iki elimi 180 gradus gapdala açyp bir aýakda
durdym, beýleki aýagymam duran aýagymyñ dyzyna goýup Pýannyý
MasterdakyJackie Chan ýaly duryp uzagrakdan haýbat atyp gözüni
gorkuzdym.
"GELNALJY-GÜJÜK"
Hemme zadyñam ilkinjisi, añsat- añsat ýatdan çykmaýar. lkinji iýen
taýagyñ, ilkinji okuw günüñ, ilknji söýgiñ, ilkinji çagañ, ilkinji eden
naharyñ, ilkinji mowzugyñ, ilkinji teswiriñ, ilkinji ýürejigiñ, ilkinji
ballyñ. lkinji minusyñ Käbir halatlarda bolsa añsat-añsat ýatdan
çykmaga beýlede dursyn, ömrüñ ötýänça ýadyñdan çykmaz....
lkinjije klasda$ymyz öýlenende, gaty begenipdik hemme klasda$lar
bolup. Aý näme, özüñi uly,ýeti$en hasap edýäñ-dä. Klasda$lar bolup
tans ederis, tans etmesegem gyrada agrassyran bolup çapak çalarys
diýip arzuw edýãrdik dostum Döwran bilen. Hawa, klasda$ymyz
öýlenýär, bizede gelnalyja gitmek üçin irräk geliñ diýdiler. Sebäbi
Bäherdenden gyz alýar, gidip gelmek köp wagt alar diýip gelnalyjynam
irräk ugratmakçy bolupdyrlar. rden turup Döwranlara jañ etdim telefony
hiç kim almady. Menem "Aý bu ýatagrag-a, özi baryberer-dä, bilmeýän
ýeridällaý" diýdim we ejeme " Döwran gelse saña jañ etdi, almañsoñam
barybersin diýip aýtdy" diýip öýden çykdym. Ejem $unça " wii
bilegidiñ-dã, entãk ir, toý edýãn oglanyñ özem turan dãldir " diýse-de,
diñlemän gitdim. Toý ýere bardym, dogrudanam gaty ir gidipdirin. Toý
edýãn oglana beýle-de dursyn, toý edýân öýüñ töwereginde hereket
ýañy-ýañy ba$lapdyr. Aý menem duryn bãrräkde odinokiý wolk ýaly.
lkinji toý bolansoñ höwes edendirin-dã, dañ bilen barypdyryn. Howa
sowuk, özümem syrkawrak, griplãpdirinmi nämemi, burnum akýa,
burnumy çekemde pylesosyñ sesi ýaly ses çykýa. Ýarym sagat ýaly
garadym, il-gün ördi, gelnalyjy mayn geldi, gyzlar ma$yny bezãp
ugradylar. Ýöne biziñ klasda$larymyzdan gelýãn ýok. Ma$yn bezeýãn
gyzlañ içinde myhman gyzlar bar, olaram maña seredi$ip gülü$ýãler öz
aralarynda. "Bu dáliñ horaz gygyrmaka bárde nãme i$i barka"
diýýändirler-dä. Soñ, toý edýãn oglanyñ gyz jigisi geldi ýanyma. "rrãk
gelipsiñ öýdÿãn" diýdi welin "Ýokla ýañyja gelip dur$um" diýip
aldadym. O-da "Doganym turdy, hâzir señ geleniñi aýdaýyn" diýip
gitdi. Gyz jigisi giden wagty hem, 5 sany klasda$ gyzam geldi. "Aý biz
ir geldik diýýârdik welin bizden öñürdenem bar ekeni" diý$ip prikol
tutýalar. Menem " Ýoklaý, sizden 2 minut öñ gelendirin" diýip olaram
aldadym. Gyzlar bilen gürle$ip durys, aý menem 5 sany gyz da$ymy
gur$anymdanmy nãmemi, özümi ýitirdim. Degi$mejik aýdan bolýan,
degi$ip gyzlaryñ üstinden gülen bolýan, aý garaz, özüme Brad Pittden
kemdirin öýdemok. Mayn bezãp duran gyzlara-da "Hehe, 10 minut öñ
üstümden gùlem bolýardyñyz, indi bolsa 5 sany gyz da$ymy gur$ap
dur" diýýän ýaly seredýän. Bir elimde çilim, beýleki elimem jübimde.
Bah, nâhili psihologiýam bar ekenaý. (u wagt ýazyp otyrkam özimi
ýigrenip ugradym). Aý garaz masgaraçylyk. Men aýtmaýyn sen sorama
jorajan. Borlaý, aýdaýaýyn. Ýene bir zatlara diýdim welin gyzlar
gülüdiler. Menem hondan bãri bolup, özümden dowolnyý burnuma
salyp gülen boldum. Burnuña salyp gülmek nãmã gerek diýsene,
syrkaw-a sen. 5 sany gyzy görüp özümi ýitirendirindã.
"Khhkhkkhmkhh" diýip güldim welin mañkam çykdy,burnumda ar
emele geldi. Aý ýönekeýje aram dãl, ýer ary emele geldi. Gyzlar
gülmediler. Gülseler has gowy bolardy, menem gülen bolardym, ýatdan
çykyp giderdi. Ujasa seredýân ýaly seretdiler, kâbiriniñ ýüregi bulanyp
ýeret üýkürdi. 5 minut öñ men nãme aýtsam gülüp durdylar, indi bolsa
Game of Thronesdaky Joffreý Baratheon-a seredýãn ýaly ýigrenç bilen
seredýárdiler. Mañkamyñ $ary bilenem oñmadym, çagalykdan galan
endik bolmaga çemeli, dodagym bilen ýaladym, özimem bilmãn galdym
ýalanymy. Ana, bar zadyñ i$ini gördim $eýdip. Jübimde el ýaglyk
barmyka diýsem ýok ekeni. Soñ "Aý syrkawlapdyrynmy nãmemi,
burnum akyp bizar etdi. El ýaglygam öýde ýatdan çykarypdyryn. Men
bir öýden el ýaglyk alyp gaýdaýyn" diýen bolup öýe gaýtdym. Nãdeýin.
Öýe gelsem, Döwranam bizden çykyp barýar ekeni. Ýaramok diýdim
Döwrana, gelnalyja gidip biljek dâl diýip aldadym. Kellãm agyrýa, aýak
üstünde durup bilemok diýdim. Ejeme-de $eýle diýdim, utanjymdan
toýa gitmedim. ol günden soñ haçan gelinalyjy görsem, gözime ýa$
aýlanýar, yumrugymy gysyp ýumrugymy di$leýän. Uzaga seredip
gamlanýan.
***
Ýene bir gün toÿdan gelýârdim. Ýagdaý gowurak, bula$yp masgara
bolmaýyn diýip 10 töweregi öýe gaýtdym. Podýezde girip barýakam
goñymyzyñ güjügi üýrüp balady. Goñymyz 1-nji etajda ýa$aýardy we
howluda kletkañ içinde güjük saklaýardy. Ol wagtlar ne$eke$ler sebäpli
ogrulyk köp bolýardy. Güjük meni tanasa-da, serho$rak bolamsoñ bolup
gelimi halan däldir-dã, erbet üýrüp ba$lady. Menem "Eÿ, men goñ$ow,
maña nãme üýrýäñ diýip bärräkden gygyrdym. Güjügem "Hä senmiñaý,
näbilaýin tanamandyryn" diýdi. Hehe, goýsañyzlañ, güjügem bir
gürlãrmi. Aý güjük du$manyny gören ýaly üýrýä, menem howlyñ
demirine ýaplanyp "Hawww, haww" iýip üýrüp ba$ladym, güjük bilen
deñ bolup. Ol üýrÿã, men ondan iki esse üýrýãn. Güjük geñ galyp
kellesini gy$ardyp maña seredýã, täzeden ýene üýrüp ba$laýa. Menem
üýrýän. Soñ men üýrenim üçinmi ýa güjük üýreni üçinmi bilemok,
goñ$yñ gyzy balkona çykdy. Seretse güjükleri üýrÿä, menem güjüge
üýrýãn. Maña sypaýyçylyk bilen " Salam McM, senmi ýa, menem
nätany$ birimikã diýdim" diýdi. Menem aljyradym ony göremde, güjük
bilen üýrü$emsoñ sowap bilmedim oña-da "Haww, hawww" diýip"
jogap berdim. 2 sekunt geçmänkä nãhili samsyklyk edenime dü$ündim,
"Hawala men, güjük bilen oýun edi$ýârdik, bolýa, gijäñiz rahat" diýen
bolup ylgap 4-nji etaja çykdym, nãdip öýe baranymy bilmändirin. Öýe
gelip dü$egime geçdim, ýatan ýerimden potolga seredip "Pingwinler
näme üçin yza tarap ýöräp bilmeýarkä?" diýip pikire batdym.
"WODOLASTKA-BAG$Y"
Okuwçykak, klasda baaaaaý bir gyz bardy. çýän suwy Niagara-dan,
iýýän çöregi Fransiýa-dan, geýýän yüpegi Hindistan-dan, geýýän köwüi
Milan-dan, dakynýan gyzyly Günorta Afrika-dan gelýärdi. Edil beýle
bolmasa-da göz önüñizde suratlansyn diýip $eýle diýdim. Klasdaky
oglanalar-a beýlede dursyn, uly klaslaryn oglanlaram gyzy yrjak bolup
synany$ýardy. Ol bolsa hiçkimiñ sözüni alanokdy, ol maña a$ykdy,
men diýip ölüp barý...He he,oýun edýän. Meni name etsin ol. Hawa, $ol
gyzyñ doglan güni golaýlap gelýärdi we klasyñ oglanlary gyza näme
sowgat bersekkäk diý$ip ba$agaý bolýardylar. Menem ba$agaý
boldum. $ol wagtlar, çilimde tutulamsoñ, öyden kän pul alyp
bilmeyärdim, berselerem, kösap berýärdiler. ñ soñunda aglapeñräp,''Klasda$yma sowgat aljak'' diýip zordan birazajyk pul aldym. lki
bilen birpaçka çilim aldym, soñam bazara gitdim, gyza sowgat almak
üçin. Gyz, wodolastka geýmäni gowy görýärdi. Köplenç, wodolastkañ
üstine jynsy kostýum, spoçkajyk dakyp okuwa gelýärdi. Menem
wodolastka alaýyn diýdim. Bazarda gözläp gözläääääp iiiñ arzan
wodolastkany tapdym. eýle-de arzan welin, satyjy bilen jedelle$ip,
diýýän bahasynyñ ýarysyna wodolastkany aldym. Gara wodolastka.
Pulym artdy, fitçi iýdim galan puluma-da. Çilim paçkany jorabyma
bukyp öýe bardym. Ertesi gün sowgadymam alyp okuwa gitdim. Ýeri,
bazaryñ iñ arzan wodolastkasyny alypsyñ tañ edipsiñ. Ony näme üçin
ak, reñksiz, içi görünip duran pakede goýýañ diýsene? Beden sapagyna
gidip barýan ýaly? Berdim sowgadymy, pakede seretdi,halamasa-da
''Wii wodolastka aldyñmy, iñ gowy sowgat maña'' diyen bolup
sypaýyçylyk etdi. ''Sagja bol McM, haladym, al saña ýürejik'' diýip
gujaklady. Gyz meni gujaklan wagty ça$ypdyryn men, özüme gelemde
bolsa Hytaýça gürlapdirin. Hiç wagt ol wodolastkany geýmedi, men
görmedim. Bilemok, belki öydeka geýendir. Aý, ony öydekäde geýen
däldirlaý. Näme etdika, ejesi $ol güniñ özünde ol wodolastkany pol
trýapka edendir.
***
Kiçiräkkäm, Nury neressäñ aýdymlaryny halaýardym. ( Häzirem
$ondan ba$ga bag$y diñlämok kän) Aý nirede görseñ Nury neressäñ
aýdymyny hiñlenip ýörendirin '' Gunçaaaaaa'' diýip. Dost oglanlaram
göterýä meni, ''Aý sesiñ gowy, sen gowy aýdýañ, edil Nuryñ sesi ýaly
sesiñ'' diý$ip. Gabat gelen ýerde, hajathanada, banýada, klasda Nury
neressäñ aýdymyny hiñlenýän. Günlerde bir gün, goñ$ymyz toý etdi.
Meñem aýdym aýdasym gelýä. 13-14 ýa$ymda, ýañy murty saralyp
ugran düwürtikli oglan ol wagtlar men.Bizden ulurak bir oglanam
goltgy berdi, ''Bar-ow aýt, gowy aýdyañ sen'' diýip.Menem göterildim,
hondan bäri bolup prissebe mündim. Aýdyp ugradym,aýdymyñ
gygyrmaly ýerinde gygyrdym sesim ýetmedi geçi ýaly mäledim.
Toýdakylar, bag$ylar hezil edip gülýä. Menem utandym aýdym
gutarmaka prissepden böküp dü$üp gaçdym, toýuñ territorriýasyndan
ýok boldym. Erbet tarapy, yzyna dü$ýän gyzymam bardy toýda, oña
gowy görünjek bolaýyn diyip masgara boldum. $ondan soña hijem ýüz
bermedi maña, görse gülýärdi. Ana $eydip, ýa$ wagtym bag$ylyk
karieram ba$lamaka gutardy. Entäklerem, käwagt-käwagt öýde hiçkim
ýokka hiñlenen bolýan. Soñ biri e$idäýmesin diyip derrew dymýan.
"ÝETGINJEKKÄ ÇAGA ÝALY GEÝINMEK"
16 ýa$yma çenli geýjek e$igimi ejem saýlap alýardy. Nãme äber
diýsem men bazardan gidip gowusyny alaryn diýýárdi. Köçämizde
Eýrana gatnap çaga e$ik getirip satýan gelneje bardy. Her gezek
Eýrandan gelende, bize gelip ejeme "Aýal dogan, ogluña alsañ gowja
balajyk, köýnejik bar, çaga e$ik bar" diýip aýdyp giderdi. Ejemem maña
gerek zat bolsa gidip alyp gaýdardy. 16 ýa$ynda-da bir çaga bolarmy
diýmek kellã gelmeýárdi, ejem iñ gowusyny bilýâ, ol diýÿãn bolsa
dogrudyr diýip sesimi çykarman, näme alsa ýok diýmän
geýýárdim.Tomus kanikuly gutaryp barýardy, men 7-nji klasy gutaryp
8-e geçen tomusym, klasda$lañ biri doglan günini bellãp weçerinka
etjek diýip çagyryp gitdi. Menem ýañy-ýañy düý$ümde gyz görüp
ugran wagtlam, bezenip weçerinka gitmekçi. Weçerinka gitmäkäk,
günorta naharyndan soñra saçymy aldyrmak üçin parikmahera gitdim.
Ag$amky weçerinka taýynlyk görýãn. Bardym parikmahere, "Ýazgeldi
aga, meñ saçymy Shakrukh Khanyñky ýaly etsene, agam weçerinka
gitjek" diýdim. Bilýãnsiñiz, Shakrukh-yñ saçy göni we uzynrak. Meñ
saçym bolsa gysgarak we buýra-buýra. Nádip oñky ýaly etsin, mümkin
dâl. Näme üçin beýle diýenimem bilemok. Ýazgeldi aga-da bet, " Bolýa
jigim, da$ ederis" diýýã. Saçymy alyp boldy, Shakhruga beýle-de
dursyn, adam sypaty ýok mende. Kellãm mekgejöweniñ gulpagy ýaly,
gyralary alypdyr saç goýmandyr,üstindenem çalaja alypdyr. " Da$
boldy jigim, Van Damme bolduñ" diýýã. çimden sögünsemem
da$ymdan " Sag bol Ýazgeldi aga, eliñe si...mmmm...eliñe siññil
çykmasyn, eliñ-ýüziñ dert görmesin" diýip çykyp gaýtdym. (Gör$üñiz
ýaly, tas da$ymdanam sögüpdim). Öýe gelip taýynlyk gördim,eiklerimi
geýip Döwrana gara$yp ba$ladym. Döwran geldi, bile Myradam alyp
weçerinka gitdik. kisem geýinmãni oñarýarlar, gara balajyk, akja
köýnejik, garaja köwü$jagaz. Weçerinka barýarlarmy ýa Parij moda
hepdeligine barýarlarmy belli däl. Meñ egnimde bolsa gyzyl balak,
ýa$yl kletka köýnek, ak jorap, mele köwü$ : ( phone 6 s-in menýusy
ýaly reñk öwsüp duryn. Olañ ýanynda çaga ýaly. Bardyk weçerinka,
okuw gutaranyna 3 aýam bolan bolsa, göz öwrenimänindenmi nãmemi,
klasda$lar üýtgäpdirler. Oglanlar ösüpdirler, sesleri ýognapdyr. Gyzlar
aý ýaly bolupdyr, náz-kere$me bolup dur hemmesem. Üsti-ba$laram
uly adamyñ geýni$i ýaly. Bir öz üsti-ba$yma seredýãn, birem olañka.
Ependiñ e$egi ýaly tapawutlanyp duryn men. Boýum entãk ösmãndir,
1,58-1,60 töweregi. Özümi olañ arasynda erbet duýdym. Oglanlañ
käbiri üstimden gülýa, "Eý gyzyl balagyñy bir günligine geýmãge
bersene" diý$ip, gyzlar adam hasabyna go$anok, " Bujagazyñ
gowjadagyny" diý$ip saçymy oýnap eýlämi-beýlämi mynçgaýalar.
Guwanç diýip klasdaymyz bardy, gözi pesräk bolansoñ oçki
dakynýardy. Kâbir ujas kinolarda bolýandyra, ýa$ oglan-gyzlar tokaýa
gezmäge gidýärler, soñ tokaýda bir zat bulary öldürip balaýar. $olañ
arasynda oçkili, çi$ijek, gorkajyk oglanlar bolýandyr. Kinolarda iñ
birinji $olar ölýãndir köplenç. Ana, Guwanjam ol kinodakylar ýaly,
sadaja, gow$ajyk, oçkilije oglan. $undana ýamanlyk gelmez diýip $oñ
ýanyna geçip oturdym soñ. Döwran bilen Myradam geldi
ýanymyza.Gürle$ip otyrkak, men klasda$ymyz Gül$ada söz aýtsam
näme diýerka diýip soradym. Guwanç göwünlik bermek üçinmi ýa
ýüreginde hiç zat bolmany üçinmi bilemok, "Bolýa diýer, näme
diýmän" diýdi. Döwran "Bilmedim-dã, synany$yp gör" diýdi. Myrat
bolsa "Ýok how, seni nãme etsin ol, bir öz üsti-bayña seret, birem oñka"
diýdi. Menem oñ sözine gaharlanyp agzymdan gelenini aýdyp ugradym
aýal dogan, beýlekilere e$itdirmanrãk gygyrýan Myrada. "Meñ nãmãm
kem? Bu e$ikleri pylança manada Eýrandan getirtdim" diýip bolmajy
boldum. Birdenkã hemme tarap ap-ak boldy. Hiçzady göremok. çimden
"Adam pahyr ýüreginden tutan wagty dünýâsi garalmaýar ekeni, eýsem
agarýar ekeni. Menem ýùrek agyry tutdy öýdýãn" diýip pikir etdim.
Ýüregagyry dál ekeni. Myrada gygyran wagtym, agzymdan tüýküligim
kirpiklerime syçrapdyr. Gözümiñ öñüniñ agarmasyna $ol sebãp
bolupdyr. Weçerinka gutardy, öýe gaýtdyk. Öýe gelip hiçzat gürlemân
Ak otagyma girdim. Oglanlañ üstimden güli$leri, gyzlañ erkek ornyna
goýman çaga ýaly eýlämi-beýlämi mynçgamalary, Myradyñ aýdan
sözleri, gyzyl balagym, ýa$yl köýnegim, ak jorabym, mele
köw$üm...Hemme zat göz öñüme gelýârdi.Gaharyma agzyma gant
okladym. Soñam kiñedim.
"ÖTMEÝÄN PYÇAK BARADA BALLADA"
Tany$ oglanlañ biriniñ agasy öylenýärdi, menem çagyrdy. Gitjegem
däldim welin, palaw bar bolsa hezil edip palaw iýeris diyip gitmekçi
boldum. Ýeke gitmäýin diyip Döwranam alyp, bezenip-beslenip toýa
bardyk. Tany$ oglan bizi gar$y aldy, bir stola oturdyp gitdi. Ol stoldada ba$ga myhmanlar bar ekeni. Sähel salymdan soñ, naharlar geldi,
meniñ dünýäde iñ gowy görýän naharym: palaw. Men $eyle-de aç
welin, palawy göremsoñ eýläme-beýläme üns bermän, awuna topulan
ýolbars ýaly i$dämenlik bilen palawa topuldym. Açlykdan çykan ýaly
iý$ime Döwran geñ galandyr-da, ''Eýý, ýuwa$ragow, bu haysy
zooparkdan gaçyp geldika diýip saña seredýärler'' diýensoñ azajyk
haýalladym. Dogrudanam, ýanymda oturan natany$ oglan bilen öñümde
oturan iki sany suw ýalyjak gyz, maña seredýän ekenler. Menem hasam
haýalladym, ýuwa$lyk bilen iýip ugradym. Stolda ba$ga zat köp
tüweleme, ýöne men gözüme palawdan ba$ga zat görnenok. $onda-da,
sypaýyçylykly iýip ugradym. Agzyma bir çemçe palaw oklayan,ýarym
sagat çeýneýän, suwjagazymdan bir ýuwdum alyp salfetkajyk bilen
agzymy süpüren bolýan. 5 minut mundan öñ, zooparkda hoza topulýan
maýmyn ýaly iýýädim,indi bolsa hamana XVI-njy asyrda Fransiýa-da
korol XIV-nji Luis-iñ stolundan nahar iýýän ýaly tetisiräp otyryn.
Tarelkadaky palawyñ içinde ýumruk ýaly et bar. Muny köpçilikde eliñ
bilen-ä iýip bolmaz. Öyde bolsam, barmagymyñ arasyndan ýagyny
akdyryp hezil edip ýiligini sorardym welin, bärde bolmaýa, gyzlaram
edil öñümde otyrlar. Pyçagy aldym, kesip iýjek bolýan welin, meniñ
pyçagym ötenokmy ýa et gowy bi$mändirmi, kesip bilemok eti. $unça
synany$ýan welin, bolanok. Yanymdakylaryñ, Döwranyñ tarelkasyna
seredýän, olar pyçajyk bilen kesip iýip otyrlar. Menem pyçagy ete
goýýan welin pyçak taýýa, etem taýýa, tarelkadan gaçjak bolup dur.
Ýuwalyk bilen Döwrana "Eý, meñ pyçagym ötenok, ýa-da et bi$mändir,
kesip bilemok eti'' diýdim. Döwranam '' Oñaramok diýäýsenaý, hemme
et bir gazanda bi$ýä'' diyip gyzlara e$itdirjek bolup gygyrýa. A$akdan
aýagyna depdim ''Ýuwa$ow, mañlaýyña urup türsügiñi gaçyryn'' diýip.
Aýagyma depme diýip gülýä bu gezegem, aý garaz Döwrandan maña
peýda ýok, gaýta masgara edip barýa. Täzeden pyçagymy alyp kesmäge
synany$dym. Ýok, ýene bolanok. Pyçak etin üstinde tans edýä.
Gyzlaram National Geographic-de dokumentalnyý film toma$a edýän
ýaly ýuwa$lyk bilen maña serdi$ýärler. Gara-der bolup eti kesjek
bolýan menem, et tarelkadan taýýa, menem ýuwa$lyk bilen bildirmänjik
süyem barmagym bilen eti yzyna itekleýän. Soñ birazajyk kesip bildim.
Bolaýjak öýdýän diyip begendim. Beylekiler tarelkadaky palawlaryny,
etlerini iyip gutardylar, men entägem et bilen göre$ýän. Az-owlak
menem kesip iýip ba$ladym. Soñ etiñ göwrümi, meydançasy
kiçelensoñ, kesmek hasam kynla$dy. Ynanaý aýal dogan, elim ýadap
gitdi, 3 sany oglan da$ymy gabap it ýaly depseler beýle ýadamaýan.
Aram-aram dynç alýan, agzyma çörek oklaýan, suwjagaz içen bolýan,
salatjagaz iýen bolýan. Ýanymda oturan nätany$ oglan ''Aý, dost,
galanyny eliñ bilen iýiber-dä, süñki galypdyr diýen ýala, gyzlar bar
diýip utanma'' diýdi. Ana, özüñi oñarmasañ, sypaýyçylyk bilen i$iñi
görerler $eýdip. Menem ''Ýoklay dost, pyçagym nemeräk, ýogsa
nemederdim ehehe'' diýip samsykladym. Yöne içimden namys edýän,
ysnat diýdirmejek bolup täzeden synany$aýyn diydim. Olar ýaly
köpçülik ýerlerde-de, hemme ki$i saña seredýän ýaly bolup görünýä,
näme etseñ müñ gezek pikirlenmeli bolýañ. Agzyma bir çemçe palaw
okladym çeynemän yuwutdym (hawa,çeynemedim, aspirin ýuwdan ýaly
ýuwutdym. Gaty namys edendirin-dä) Bu gezek hasam çynymy edip
pyçagy ete goýup basdym. Güýçliräk basandyryn-da, basanymam $oldy
welin, pyçak ýene taýdy, etem tarelkadan taýdy. Men ikisenem tutjak
boldum ýöne hijisinem tutup bilmedim, stolum bilen çalaja yza
çekildim, tarelka üstüme agdaryldy. çiniñ eti bilen, palawy bilen.
Göwräme geli$mejek inçejik ses çykdy menden çagañ sesi ýaly ''Eýý,
döküldeeýýý'' diýip. Ol aljyraññylykda elimem stakana degip içindäki
suwy döküpdirin. Galan zat ýadyma dü$enok, gözümiñ öñünden ak
tüsse asmana galdy. Adamlar gözüme haýal hereket edýän ýaly bolup
göründi. Döwran ''Aý, nätdiñaý muny'' diýip stoldaky suw beylekileñ
üstine dökülmesin diýip salfetka bilen suwy saklajak bolýa, ýanymdaky
nätany$ oglan ''Et nirede et?'' diýýä (Et ýada dü$ýämi $ol wagt, prikol
tutýandyr-da elbetde), öñümde oturan iki sany suw ýalyjak gyz, gyzyl
di$lerini görkezjek bolýan ýaly jak-jaklap gülyä...
Aý garaz, hemme zat lenta ýaly gözümiñ öñünden geçip gitdi.Turyp,
adamlañ yok ýerine geçip üsti ba$ymy süpüri$dirdim salfetka bilen.
Yzyma gelip entägem samsyklaýan ''Pyçak gowy däl ehehe, et
bi$mändir ehehe'' diýip. Pyçak gowy däl bolsa tany$ oglanyñdan ba$ga
pyçak soraý ketjallyk etmn. Aý $ol özüme ysnat diýdirmejek bolup
masgara bolup yör$üm. 1 sagat ýaly oturyp, tany$ oglan bilenem
sagbolla$yp öýe jyrdyk.Öýe gelip balagymy çaly$aýyn diyip jübilerimi
barlasam, sag jübimden 7-8 sany tüwi çykdy. Tarelka üstime agdarylan
wagty dükülen palaw azrak görünsin diyip aljyraññylykda jübime
dyky$dyrdymmy nämemi. Soñ-soñlar-a öwreni$dimem pyçak bilen
iýmäge. Häzir öñüme tarelkada da$ goý, elime-de gysgajyk çybyk ber,
çybyjak bilen da$y kesip iýerin. Käbir agzalar soraýa, $u wakalaryñ
hemmesem ba$yñdan geçdimi diýip. Hawa dost jan, geçdi. Da$aryk
ädimimi ätsem, hökmany suratda gülkili waka gabat gelýän, ýa-da maña
gülküli gelýändir, bilmedim. Yöne beýle zatlar köpimiziñ ba$ymyzdan
geçýändir, men drama-da bolsa, degi$me äheñinde, okaýan adam okap
ýadamasyn diýip gyzyklandyrbrak ýazmaga çemele$ýän. Bar bolany
$ol. Aýdy$ym ýaly, hemme waka ýazyym ýalyrak bolmasa-da,
çeperle$dirmäge çemele$ýärin. Okanyñyz üçin sag boluñ. Adios
Amigos. Baýdak Bayramyñyzam gutly bolsun gadyrdan agzalar, Eziz
Watanym. Goý elmydama ýa$yl Baýdagymyz dury asmanda parlasyn.
"ILKINJILER"
lkinji okuw günüm. Okuwyñ ilkinji güni höwes bilen okuwa gitdik.
Mugallym okuwçylar bilen tany$dy, birazajyk gürle$di, soñam öýe
gaýdyñ diýdi. Bizem Döwran bilen añk-tañk bolduk, biri-birimize ''Biz
okamaga geldigem welin okadanok mugallym'' diy$ip hemme ki$iden
soñ klasdan çykdyk. Okasymyz gelýärdi...Çykyp barýakak seretsek bir
klasda okuwçylar bar, mugallym bir zatlara gürrüñ beryä. Bizem
Döwran bilen hiç zat diýmän klasa girdik. Maksadymyz, $ol okuwçylar
bilen bile okamak. Mugallym ilki geñ galdy, bizi saklap sorady, ''Nira
baryanyz?'' Döwran jogap berdi, ''Okamaga barýas''. Mugallym kowdy
bizi, baryñ ertir geliñ, bu günlikçe 1-nji klaslaryñ okuwy gutardy" diýdi.
Bizem sögünip gaýtdyk, okajagam okadanoklar diýip. lkinji gezek
okuwdan gaçy$ym 1-nji klasda, mugallym öy i$i beripdi, 4-5 sany
oglan öý i$i etmändirler. Aralarynda menem bar. Biri ýaltanyp
etmändir, biri uklap galypdyr, biri edip bilmändir, men oýuna gyzygyp
yatdan çykarypdyryn. Sapagam iñ soñky sagat. Näme etsek diýip
pikirlendik, iñ soñunda sapakdan gaçalyñ edi$dik. Sapak ba$lamanka
sumkalarymyzy alyp klasdan çykdyk. Döwran öy i$ini edensoñ
gaçmady, klasdan çykmakam oña ''Döwran, men gaçýan. Meni
gözlemäñ. Pul we ýarag gerek bolsa men sizi özüm taparyn'' diydim.
Ana $eydip, Prison Break ba$lady. Gaçdyk diy$ip begeni$ýäs bizem,
magazinlere açlanýas pulumyz ýogam welin, her magazinden kowulýas.
Soñ, öýe gaýdyp barýakak 50 metre golaý öñümizden iki sany milissiýa
i$gäri köçeden ýola çykdy we bize tarap ýörap ugradylar. Bizem olary
görüp gorkdyk, oglanlañ biri ''Mugallym gaçanymyz üçin bizi milissiýa
beren bolaýmasyn'' diyensoñ hasam gorkdyk. Bizi gözlap yörler öýdýän
diýip yza gaçyp ba$ladyk. Yzyma seredemzok hijimizem, 200 metr ýaly
ylgap yzymyza seretsek milissiýa i$gärleri ýok ekeni. Seretsem sumkam
ýok, hool beýleräkde ýatyr sumkam. Gaçyp barýakam ýolda
zyñypdyryn sumkamy, baryp sumkamy aldym, hiçzat bolmadyk ýaly
öýe bardym.
lkinji eden ogurlygym 2-nji ýa 3-nji klas wagtym, anyk ýadyma
dü$enok, obadaky garynda$larymyzyñ biri gyz çykarýardy, oba toýa
gitdik. Ol obada-da $eyleräk düzgün bar ekeni: gelnaljy güni, oglan
ýerden gelen gelnaljy (oglan ýerden gelen gelnaljy diýmek näme
diýmegay, elbetde oglan ýerden gelýä gelnaljy) ma$ynlara ýumurtga
zyñýar ekenler. Käbiri, ýumurtgany de$ip içine syýa guýup zyñýa,
$eýlelik bilen syýany ma$yndan aýyrmak kynrak bolýa.
Garynda$larymyzyñ çagalaram entäk gelnaljy gelmänkä ýumurtga
zyñmaga taýýarlyk görüp ba$ladylar. Oglanlañ iñ ulusy menden 2-3 ya$
uludyr. Ýöne ýumurtga tapmadylar. Oglanlañ biri, ''Gelin biziñ towuk
ketegimize girip göreliñ'' diýip towuk keteklerine girdiler, ýumurtga
tapmadylar. 5 sany horaz, 2 sanyjak towuk bar, nämäñ ýumurtgasy
bolsun ol taýda, horazlañkymy? Soñ, ýene biri ''Juma daýylarda
ýumurtga bardyr, towuklary köp $olañ, satýalaram'' diýdi. Satyn
almaga-da pul gerek, olam bizde ýok. Juma daýy diýýänlerem, garryja
adamdy, yeti$en gyzy bilen bile ya$aýardy, aýaly ýogalypdy. Oglanlan
biri ''Gyzam, Juma daýam toýda häzir, gidip $olañ towuk keteklerine
gireliñ'' diýdi, bolýa diy$ip gitdik. Dogrudanam, öyüñ töwereginde
hiçkim ýok. Towuk ketege bardyk, Alkatraz türmesi ýaly, girseñ çykyp
bolmaz, çyksañ girip bolmaz,hemme tarapy ýapyk, gapysynda kelle
çaly gulp bar. Soñ, yumurtgalary öydaki holodilnikde saklaýar diý$ip
öýe girmekçi bolduk. Öýüñ gapysyna seretsek, gapy gulply däl, Juma
daýam, Dünyä-de toýda diýip bilýäs. $onda-da gorkýas, sen gir-de sen
gir bol$up durlar. Men myhman bolamsoñmy nämemi, maña gir diýýän
ýok, adymy tutýanam yok. Soñ men gireýin diýdim, mafiya özüni subut
edip aralaryna go$uljak bolýan Nyu-Yorkly negrler yaly, oglanlara ''
Hey wait wait, will handle it'' diýdim. (Aslyna seretseñ türkmençe men
girip da$ edeyin diydim welin, bärik ponty üçin nlisçe yazayyn diyen
boldum) Olar belet bolansoñ, holodilnigiñ ýerini salgy berdiler, girenje
yerin edil sagynda diyip. Gapyny açdym, holodilnik dogrudanam
gapydan giren yerinde sag tarapda ekeni. Öyem 2 komnat eýwan.
Holodilnigem ol eywanda. Holodilnigi açdym welin içinde ýumurtga
doly. Oglanlañ birini kömek üçin öýe çagyrdym, ýumurtga bar ekeni gel
kömek et diýip.Yumurtga alyp ugranymam oldy welin, otaglañ biriniñ
gapysy açyldy, Juma daýy çykdy. Toýdan gaýdyp öýe gelipdir. Kellä
gelmändir, towuk ketegi gulplap öyüniñ gapysyny näme üçin
gulplamasyn özleri öýde ýok bolsalar? Juma daýyny görüp kömege
gelen oglan derrew gapyny açyp gaçdy. Menem galdym ýeke özüm,
elimde ogurlyk yumurtgalar, name diyjegimi bilmän aljyrap ''Ýumurtga
satyañyzmy?'' diýdim. Sen onuñ öýüne girip holodilnikden ýumurtga al,
soñam ýumurtga satýañyzmy diýen bol. Sögünip kowalap ugrady,
menem yumurtgalary ýere ta$lap gaçdym.Gelnaljydan soñ Juma daýy
gelip toýdakylara aýdypdyr, masgara etdiler bizi. Erbet tarapam,
oglanlañ hemmesem meni satypdyrlar, hemme zady ol etdi, ogurlyk
planyny ol düzdi diyipdirler, Al Capone edip goýdular meni. Ejem meni
çümmükläp-çümmükläääääp etimi guratdy. Soñam FBR-e berdiler
hemmämizi. Olaram bizi Guantanamo äkitdiler. Týunel gazyp ol taýdan
gaçdyk,okeandan yüzüp geçip Türkmenistana geldik.
lkinji gezek gyzyñ menden yüz öwüri$i. 8nji klasda okaýardym. Ol
döwürleri bilýänsinizle, hemme gyza hat ýazýas, ýok diyse-de indiki
hepde baga gyza hat ýazýas. Garaz, iñ çyl$yrymly, in ýigrenji
wagtlarymyz ol wagtlar. Bir gün, öñümde oturýan gyza hat ýazdym . Oda ýogam diýmedi, bolýa-da diýmedi. Aradan 1-2 gün ýaly geçdi, men
henizem gyzyñ jogabyna gara$ýan. Sapak dowam edip durka gyz
yuwa$lyk bilen yzyna öwrülip '' Nury Meredowyñ-Ah çekinýärin, ah
ökünýärin aýdymynyñ sözlerini ýazyp bersene'' diýdi. Menem bolýa
diýip derrew ýazyp berdim. Begenyan özümem,''Maña wagtynda jogap
bermäni üçin ökünyan bolmaly, $oñ üçinem maña $ol aydymyn
sözlerini hat bilen bile berjek öýdýän'' diýýän öz-özüme. Sapak gutardy
hat yok, 1 gün geçdi hat yok, 2 gün geçdi hat yok. Ol haty, 10-njy
klasda okaýan bir oglana ýazypdyr, soñ bilip galdym. Aydymyn
sözlerini ol oglana yazjagyny bilsem yazyp bermezdim, pripewine çenli
ýazdym menem ''2 gezek'' diýip. ''lkinji gezek gyzyñ menden ýüz
öwüri$i'' diýen boldum welin,beýlekilere meñzesin diýip $eýle yazdym.
Yogsa 8-nji klasa çenli 20 gyz dagy menden ýüz öwrendir.
"ERKEK ADAMYÑ SESI WE PLOMBA"
Kim näme diýse diýäýsin, gyzlar oglanlaryñ sesine, sesiniñ tonyna örän
üns berýärler. Hany gözüñizi ýumup göz öñüñize getiriñ: bir gyz
telefonda bir oglan bilen gürle$ensoñ "Sesi owadan ekeni-dä"
diýýändir-ä görmese-de. Ana, diýjek bolýan zadym $ol. Eger bir gyz
"Meñ üçin adamçylygy bolsa bolýa, ses kän wajyp dâä" diýýän bolsa
ýalan sözleýändir. Aý bolýa, hemme gyzy gönümel günâkárlemáýin,
ýöne ýalan sözlemese-de öz içinden oglanyñ sesi gowy bolsa diýip
arzuw edýândir."Hemme zady düzüw, sesem owadanja bolsa kem dál"
diýerler. Oglanlar üçin ses beýle wajypdyr öýdemok dogrymy aýtsam.
(Özüme jogap bermeli bolsa, meñ üçin-ä tapawudy ýok, sesi çyksa
bolýa gyzyñ.) A gyzlar üçin bolsa sesiñ ýogynlygy-inçeligi, tony wajyp.
Pikir edip görsene, özüñ-ä owadanja, adamkárçilikli,sesiñem 8 ýaly
çagañky ýaly. Telefonda bir gyz bilen gürleýâñ. Gyz 2 minut soñ
trubkany goýar "Ejem dagy geldi" diýip bahana tapyp. Ýa-da,Pawarotti
neresse ýaly bariton tonynda gürle$señem bolmaýa. Aý garaz, sesiñi
sazlamaly-da gyz bilen gürle$en wagtyñ. Ýene bir zat, sesiñ owadanam
bolsun bolmasyn, käwagt gürle$ip durkañ burnuñ dykylýa. O-da ses
tonyña zeper ýetirýár. Burnyñ näçe arassa-da bolsa, gürlâp durkañ
birden mañkalap ba$laýarsyñ. Näme bolanyny bilmän galýañ. Mysal
üçin, burnuñ dykyk däl bolsa:
-A gyz salam. Tany$ bolalyla, meñ adym McM. Seniñ adyñ nãme?
Burnyñ dykyk bolsa:
-A gyz salabb. Tady$ bolalyla, beg adym BcB. Sedig adyg dâbe?
Gör$üñ ýaly aýal dogan, 10 sekuntda masgara bolýañ. BradPitt
bolsañam $ol gyzy yryp bilmersiñ. Yrmaga beýlede dursyn, yzyna
seretmän gaçar...
Bir gün, bazara gitjek bolup köçä çykdym. Howa-da çyglyrak,
ýuwa$lyk bilen ýagy$ sepeleýár. Ma$ynlara el galdyrýan welin hijisem
alanok.Menem almaýan ma$ynlañ yzyndan sogünip duryn. ol wagtam,
biziñ domymyzda kwartirant bolup ýa$aýan iki sany talyp gyzam köçâ
çykdylar. Olar bilen kân gürle$emzok, göni gabat gelsek salam-salam
edýáris. Gyzlaram $eýle gowja. Beýle diýsem olara suwjarýandyr
öýdâýmãñ, ol wagtlar meñ hala$ýanym bardy. Ýöne gowjaa gowja
diýmeli-dá, ehehe nemetmáñ. Howwa gyzlar geldiler, salam berdiler,
menem berdim. Soñ gyzlañ biri meñ bilen gürle$ip ugrady:
-Bä, ma$ynlañ hijisem duranok. Adamlar pula doýgun öýdýân smile)) -Howwa goñ$y, menem 15 minut bâri duryn $utaýda. Birje ma$ynam
alanok smile))
-Siz nirä barýañyz ir bilen?
-Bazara barýad...Özübe ody-mudy alaýbasabbb...Siz dirâ
barýagyz?(Kim gürleýáraý? Meñ sesim-â dâl bu)
-(Gülmejek bolup özlerini zordan saklaýarlar) Bizem bir joramyñla
barýarys. $ugün $oñ doglan güni.
-Hä, tüwelebe. Ýay uzyd bolsud. Gidig gutlag joragyzy...
-Bolýa sag boluñ. $u ma$yn duraýjak ýalyla. Sag boluñ biz müneli
$uña. (Beýleki guz eýýäm gülüp ugrady. Bu gyz entâgem
sypaýyçylykly ekeni. Ýene-de zordan gùlmän saklandy)
-Bolýa sag bolug smile)) (ühühühü : ((((
Sojagaz ýerde masgara boldum. Öz ma$galañ bilen ýa-da dost oglanlañ
bilen gürle$ip durkañ birdenkâ burnyñ dykylsa " himhh, mhiimhh"
diýip dykygy açmaga synany$arsyñam welin, nätany$yñ ýanynda edip
bolanokda. Käwagt içimi gepledýãn, meñ ba$yma $unça waka gelýä,
hemmesine men günâkármi diýip. Köplenç özümi günãkârlãp bilemok.
Mysal üçin, ýokarky hekaýada men günãkâr däl-ä. Ýöne käbir
wakalarda-da men günãkãriñ öýjügi... Di$ime plomba goýduryp öýe
gelýârdim. Doktor ag$ama çenli iýip-içme diýipdi, agzym entâgem
doñyp dur. Gürlemeg-ä beýlede dursyn, agzymy zordan açýan. Ýolda
bir daýza sagadymy görüp sagat sorady. Sagat 10-15, ýagny 11-den 15
minut i$leýârdi. Ýeri agzyñy açyp gürlãp bileñok, e$itmediksirän bolda
gidiber-dâ. Ýa-da enegiñi görlezseñ daýza-da dü$üner-ä. Ýok
beýtmedim. Sagada seredip agzymy gy$ardyp " daýýaaa saaagyyyt
obbirded obbää$ bidud i$láýäää" diýip bir zada diýdim özümem
dù$ünmedim nãme diýenime. Daýza-da dü$ünen dâldirle, $onda-da
"Sag bol oglum" diýip ýüzüme geñirgãp seretdi ilki, soñam gaty-gaty
ýörãp gitdi yzyna seretmãn. "Bu çagany jyn urypdyr öýdýân" diýendir.
Ana bárde men günâkár, boýnuma alýan. Eden samsyklygyma daýza
gidensoñ dü$ündim, lapym keç bolup öýe geldim, GreenMile-daky negr
John Coffee ýaly bolup iki elimi satanymyñ arasyna goýup diwara
seredip uklap galypdyryn. Meñ diýjek bolýan zadym, dollaryñ galmagy
bilen ykdysadyýetde adatdan daary inflassiýa
möçberindãki...Afrikadaky zebralar...Cristiano Ronaldo...Messi...
Borlaý. Sogudy ogaryb bilbedib...
"BA$GANYÑ E$IGINI GEÝMEK"
Kiçikäñiz ba$ga ki$iniñ e$igini geýeniñiz barmy arañyzda?
Garynda$lañ çagalarynyñ e$iklerem bolup biler, ba$ga ki$ileñkem.
Ba$ga ki$ileriñ e$igini, köplenç ýagdaýy pesräk ma$galalaryñ çagalary
geýýâr.Goñ$y-golam, öz çagalaryna kiçi bolýan e$ikleri ýagdaýy
pesrãk ma$gala getirip berýár, olaram çagalaryna geýdirýár. Nätsinlerdä. Biziñ ma$gala ýagdaýymyz ortaçady. Ýöne menem
garynda$larymyzyñ çagalarynyñ e$iklerini geýipdim. Geýesim
gelýärmidi diýip sorasañyz, geýesim gelenokdy. Maña garyp diýerler
öýdüp gorkýardym. Garynda$ymyzyñ köýnegi ýa-da balagy diýseñ kim
ynanjak, ba$ga ki$iñ e$igini geýmeýandigiñi nãdip subut etjek? Geýen
e$igiñ uly bolýa, agamam ýok agamyñky diýer ýaly. Çaga göwni-dä,
her hili zat kellãñe gelýã. Üstümden gülerler diýip geýmejek bolardym.
Ýöne garynda$lar beýle zatlary öz aralarynda edýärä birek-birege.
Belki-de bu, garynda$lygy, agzybirligi, aragatna$yklary berk tutmak
üçin ejelerimiziñ edýän zatlarydyr? $eýle bolup biler-ä, biri-biriñi
goldamak üçin? Daýzañ öz ogluna kiçi bolýan balagy getirip berer, señ
ejeñ saña kiçi bolýan köýnegi daýzañ kiçi ogluna diýip berer, gelnejeñ
ulanmaýan tarelkalaryny getirer, señ ejeñ oña ulanmaýan çäýnekkäsesini berer,garaz bir seredýãñ welin NBA-däki draft sistemasy ýaly
garynda$lañ arasynda zat aly$-çal$ygy ba$laýar. Kakalañ habaram
bolmaýa mundan. Men köplenç daýzamyñ oglunyñ e$iklerini
geýýärdim. Köplenjem onuñ e$igidigini bilsem geýmejek bolýardym.
E$iklerem beýle köne-de däl, geýerligi bar, ýöne ýene-de çaga ýüregidâ, geýesiñ gelenok ba$gañ e$igini, garynda$yñam bolsa. Soñ, ejeñ
eýdip-beýdip yrar, diñe öýde geýäý oglum diýip... Ejeñ, "Oglum saña
täze jempir aldym, gel geýip görsene" diýip ýanyna çagyrandyr seni.
Senem, begenip ylgap bararsyñ ýanyna. Soñ, birdenkä, "Daýzamyñ ogly
Mekan-yñ jempiri bolaýmasyn" diýip pikir edersiñ. Ýuwulyp
ütüklenensoñ tâze ýaly bolup görünýändir gözüñe.Geýersiñ ala-mula,
iphone-yñ menýusu ýaly jempiri. Bir seretseñ, uly bolýandyr jempir
saña, dyzyña ýetjek bolup durýandyr. Eliñ, jempiriñ içinde ýitip
gidýãndir, kiçijek barmajyklaryñyzam görünýãn dãldir jempiriñ ýeñiniñ
uzynlygyndan ýaña.Soñ, ýürekde bir $übhe dörâr, nägile bolup ejeñe
sorarsyñ:
-Eje, uly bolýa bu jempir maña. Mekanyñ jempirimi ýogsa bu jempir? -Ýok oglum, Mekanyñ jempiri däl-ä. Gymmada aldym men muny.
Bazarda ýekejesi galypdy welin zordan ýeti$ip aldym. Ulurak bolany
hiç, ösüp barýañ sen. ndiki ýylam geýersiñ...
Ejeñ sözlerine monça bolup begenýânsiñ. Beýle diýensoñ, çaga
ýüregiñdãki $übhelerem zym-zyýat bolar. "Täze" jempiriñi Döwran
daga görkezmek üçin begenip, ylgap köçâ çykarsyñ. Döwran seni görùp
gülüp ba$lar:
-Eý McM, bu nãme, kakañ jempirini geýdiñmaý smile))
-Ýok how,ejem gaty gymmada alypdyr muny. Bazarda birjigi galypdyr.
Zordan ýeti$ip alypdyr...
-Uly ekeni. Saña uly bolýara bu...
-Ösýän-ä men. ndiki ýylam geýerin.
-Howwa, maña-da Ýazgül gelnejem köýnek berdi. Maña-da uly bolýa
ýöne meñ ejemem indiki ýylam geýersiñ diýdi. Ösýäs-ä çyndanam.
-Hawa. Bar welosipediñi alsana. Aýlanyp geleli.
-Kakam berenoga. Gel ýalandan ur$aly McM? Gel erkek bolsañ?
-Ýoklaý. Soñ sen çyna gidip çyndan urýañ-a...
Sooooñ, $ooool geýen jempiriñi ýegenleñ birinde görersiñ. Jempir
dyzyna ýetip durandyr. Ýeñinden ýaña barmajyklary görünýãn dâldir.
$ol wagt, "Dogrudanam, hojalygy aýlaýan zenan ma$gala bolýa" diýip
pikir edersiñ we çilimiñden bir tüsse sorarsyñ. Soñ Döwran dü$er
ýadyña...Nahalnyý Döwran. Ýylgyranyñy duýman galarsyñ... DöwranDöwran diýýäs welin bu ýazýanlam gulagyna gidäýmesin. Bes edeýin
indi, adyny tutmaýyn bärde. Özi e$iden-ä hiç welin, gelni e$idãýse
Samuraý tutup gylyç bilen kerç eder meni garpyz gerçgän ýaly.
"ZENANLARY BAKJA ÖNÜMLERINE MEÑZETMEK"
McM aga, 70 ýa$yna golaýlap gelýârdi. Pensiýa çykandan soñ,$äheriñ
hereketli durmu$yndan ýadap, öz dogduk obasyna dolanyp gelipdi. 7-8
ýyl bäri obada ýa$aýardy. Ömrüniñ soñky demlerinde, aýaly bilen
obada asuda durmu$da ýa$amak isleýárdi. Mal-gara bilen, bag-bakja
bilen me$gul bolýardy, dynç günleri gezmäge gelen agtyklary bilen
oýnaýardy. McM aga, henizem Ertir-e agzady we Phone- 51 S
telefonyndan Ertir-e girdi (Ol wagta çenli iPhone 51 S çykypmy$yn).
Jedelli mowzuklary görüp ýene gatyrgandy, " Bäh, $ularam jedelle$ip
ýadamadylaraý" diýip hüñürdedi, telefony tapçanyñ gyrasyna goýdy.
Aýaly oña üns bermãn, gözüne äýnek dakyp jorap örüp otyrdy. McM
aga, aýalyny birinji gezek görýãn ýaly, içgin-içgin synlamaga balady.
"Elleri henizem näzijek" diýip içinden pikirlendi."Ýüzünde ýygyrtlar
bar ýöne olam hemme garrylarda bolýan zat. Dodaklarynyñ gyrasynda
ýygyrt köpräk ýalyla? Olam köp güleni üçin bolandyr. Haý McM,
kâwagt öýkeletdiñ kempiri,kâwagt özüñ öýkelediñ, wagtal-wagtal
aglatdyñ, wagtal-wagtal bile agladyñyz. Gaýgy-gussañ hem $ol boldy,
begenjiñem. Ýöne ömrüñ boýunça plýuslañ, minuslañdan köp boldy.
Ömrüñ boýunça, elmydama kempiriñi gowy gördüñ. ñ azyndan nãgile
etmejek bolup dyrja$dyñ. Muña ýetesi nâme bar, Hudaýa $ükür..."
Doktory gadagan etse-de, çilim çekmân oñup bilmeýãn ýalydy. Bir
çilim çykaryp otlajak boldy. Elleri titrânsoñ birinji we ikinji
synany$ygynda otlap bilmedi, üçünji synany$ygynda çilimini otlady.
Muñ bolup otur$yny gören aýaly degi$ip: "Elleriñ titräp dur, otlap
bileñok, ýene-de çekjek bolýañ. Çekme $u artyby, ýogsa menden öñ
gidersiñ beýleki tarapa" diýdi. McM aga hem çalaja ýylgyryp "Senden
öñ gitsem gowy bolar, sen menden öñ gitseñ men nãderin soñ?" diýdi.
McM aga çiliminden bir tüsse dartdy, mellekdãki çalaja öwsen emala
yg$yldap oturan ekinleriniñ ba$laryna seredip gürlãp ugrady:
-Bilýäñmi näme keýwany, sen meniñ kartokam...-Durmu$da ýeñlãp
ugran wagtym kartoka ýaly agram berdiñ maña...-Pomidorym sen
meniñ...-Durmuyma hemie pomidoryñ nahara reñk ber$i ýaly reñk
go$duñ...Onsoñam sen meniñ soganym... +?!? - Sogansyz nahar
bolmaý$y ýaly durmu$yma lezzet berdiñ. Hâ, onsoñam sen meniñ
badamjanym... +!? -Seni nâçe gyzdyrsamam, otlara salsamam, sen
hemi$e maña gujak açdyñ. Gujaklan wagtyñ, ruhyma gollaryñ yzy
çykdy...Noýbam sen meniñ... +!? -çiñden kiçikge-kiçikge, biri-birinden
gowja çagajyklarymyz çykdy...Onsoñam sen meniñ kelemim... +??? Da$yñdan tanap bilmezler seni...Belki halamaýandyrlar, belki
halaýandyrlar... Kãbir kii seni nãme üçin beýle gowy görýãndigime
düünýân dáldir...Da$yñam gowy, ýöne kelemiñki ýaly da$yñdan içiñ
has gowy...Ýok, dur dur, sen meniñ ysmanagym..+!??? -Sebâbi men iñ
köp ysmanagy söýýárin... Zenanlar baýramyñyz gutly bolsun gadyrly
agzalar, jigiler,doganlar, eneler.
"ÝEKE ÖZÜÑ ÖÝDE BOLMAK"
Düýn gije, öýdãkileriñ hemmesi garynda$laryñ toýuna gidensoñ, öýde
ýeke galmaly bolupdym. Aslyýetinde öýde ýeke bolmak, meniñ üçinem
kem dãldi. Oturyp pikirlenmek, öz-özumi hasabata çekmek üçin, amatly
pursat döräpdi. 20 nãçe ýa$adym, u wagta çenli ene-atama, il-güne
nãhili peýdam degdi? Peýdam degdimi bir? Ba$a barmadyk söýgim
barada, meni ta$lan gyzlar barada, meniñ ta$lan gyzlarym barada
oýlanmakçydym. Durmu$daky ýalñy$lyklarym barada, e$ek ýaly bolup
entäk-enták edip ýören samsyklyklarym barada, çilimi ta$lamak barada
pikirlenmekçidim. Eýwandaky telewizoram bolmasa, öý bütünleýin
dym-dyrslykdy. çimden " Dogrudanam, adam pahyr kâwagt ýeke galsa
gowy bolýar. Öz-öziçe arkaýyn oýlanyp bilýár. Hawa McM dost,
ukyñam gelenok, pikirlen nãme pikirlenjek bolsañ, dañdana çenli wagt
kãn" diýdim. Ejem gitmãnkâ, holodilnik-de saña arkaýyn ýeter ýaly
nahar bar, gyzdyryp iýgin diýipdi. Ajygamsoñ, birzatlar iýeýin diýip
holodilnigi açdym. Seretsem çyndanam nahar bardy, ýöne maña
ýetmejek ýalydy. ñ kiçimiz,bildirmãnjik ýarysyny alan bolmaga çemeli.
"Gijãñ bir çene baran wagty köp iýmegem bolmaýa, ýeter $u maña"
diýip kuhnýada nahary gyzdyrdym,çaýymy-çöregimi alyp stola geçip
nahara ba$lamakçy boldym. Gapy kakyldy. Geñ galyp sagada seretdim.
Sagat 12-den 15 minut i$leýârdi. Kim geldikã? Öýdãkiler gelse gapyny
kakmazlar, açarlary bar ahyryn? Goñ$ymyka? Ýa oglanlañ birimikã?
Aý ýok, goñ$am dâldir, oglanlaram dâldir. Olarda meniñ nomerim bar
ahyryn. Jañ ederdiler-dâ..? Kim bolsa-da açmakçy dâldim, gerek
adamyñ özi jañ ederdi diýip pikirlendim. Bu gün ýeke bolasym gelýârdi.
Hem naharymam az, maña az bolar diýýárdim welin, iki ki$â hijem
ýetmez... Gapy ýene kakyldy... Bu gezek ýerimden turyp gapyny kim
kakýanam bolsa öýde adam bar diýmesin diýip telewizory öçürdim,
kuhnýañ we eýwanyñ çyrasynam öçürdim.Aý, kakyp-kakyp adam ýok
diýip gider-dã. Bilesigelijilik bilen gapyñ ortasyndaky de$ikden
seredeýin diýip gapa tarap ýörãp ugradym. De$ikden seretsem, biri
basgançakda iki dyzyny gujaklap, dyzyny eñegine goýup köwü$lerine
seredip otyrdy. Ýüzüni görmesemem, tanadym. Ol ýene gelipdi. Bu
gezek gapyny oña açmakçy dâldim. Ondan halys ýadapdym. Nâme etse
$ony etsin, maña nãme? Ýöne içimden " Her gezek gapyny kakanda
$eýle diýýâñ, ýöne ger gezegem gapyny açýañ. Sen oña dözüp bileñok.
Hemem gijãñ ýarysynda ony $eýdip da$aryda garadyrjakmy eýsem?
Sen nãhili doñýürek bolduñ? Bar-da aç gapyny. Gapydan girmese-de,
âpi$geden girer" diýdim. "$u gezegem öýe salaýyn, indiki gezek
salmaryn" Gapyny çalaja açdym. Gapyñ açylanyny e$idip ýerinden
turdy, ylgap gelip meni gujaklady, "Bilýârdim açjagyñy, sen maña
dözùp bilmersiñ" diýip çaga ýaly ýylgyrdy. Gapyny ýapyp kuhnýañ
çyrasyny ýakdym. Bile stola oturdyk. " Bugünlükçe seni öýe saldym,
indi gelme, gelseñem salmaryn" diýdim. E$itse-de e$itmediksirãn
boldy, " menem ajykdym, naharyñdan berersiñã maña?" diýdi. Men
kâselere çaý guýup " no$bolsun" diýdim. Hamana 1 hepde bãri hiç zat
iýmedik ýalydy, i$dãmenlik bilen iýýãrdi. Men ajam bolsam ony görüp
doýdym. 2 minutda tabakdaky naharyny gutardy, " Doýmasañ ýumurtga
çakaýyn" diýdim. " Ýok" diýdi,"özüñ iýseñ çakaý, men-ä doýdum"
Meniñ nahar bilen i$im ýokdy. Basymrak $uny ýatyryp bilsem
kaýyldym, soñ ýene öz-özimçe pikirlenmekçidim. Çaýyny owurtlap "
Men sensiz oñup bilemok" diýdi, "Bilýãn, senem mensiz oñup bileñok.
Ýöne sen gedem. $ony boýnuña alañok". Men hiç zat diýmãn 10 sekunt
ýaly dymdym."Men seni 3 ýyl bâri tanaýaryn. Meñ bilen köplenç at
bolduñ, köplenç gamgyn. Emma hiç wagtam mensiz oñup bilmediñ.
Soñky gezek bize mümkinçilik ber.Seret, soñunda hemme zat düzeler.
Meni ta$lama" diýdi, gözlerine ýa$ aýlandy. Mundan beýläk dymyp
bilmedim." Hawa, men seni 3 ýyl bâri tanaýan. Ýöne biz oñu$yp
bilemzoga. Nâçe synany$agam bolanok. Bir gün örän $adyýan
ikimizem, ýene bir gün sögü$li. Näçeler synany$dyk, bolanok. ne
hâzirem geldiñ, meñ saña dözmejegimi bilip gapymy kakdyñ. Düýn
özüñ diÿdiñ-ä indi geljek dâl diýip. Näme üçin tâzeden geldiñ?" diýdim.
Kásesine seredip gürlemãn otyrdy, soñam birden " Aýtdyma, sensiz
oñup bilemok diýip"diýdi. Aslyýetinde, dogry aýdýardy, ol mensiz,
menem onsyz oñup bilemzokdyk. Süýtli kofe ýalydyk. Ýüzine seresem,
entãgem gözýa$lary akýardy. Ýüregim awady, ýerimden turyp salfetka
berdim. Salfetka bilen gözýa$laryny süpürip durka" Bolýa, söz berýârin,
indi geljek dâl. Ýöne $u gije u taýda ýataýyn.Saña azar bermerin. Maña
telewizory açyp ber, onsoñam ýorganjagaz ber, men telewizor seredip
uklap galaryn" diýdi. Ýalan sözleýãrdi. Men otagyma geçip uklan
wagtym ýuwa$lyk bilen gujagyma girmekçidi. Geçen gezegem $eýle
diýipdi, emma dañdana golaý gujagyma giripdi. "Bolýa" diýdim. "Bu
gije bârde ýat, ýöne gije meñ ýanyma gelãýme. Telewizora seret-de ukla
eýwanda. Maña azar berme. Ertirem irden biziñkiler gelmãnkâ turyp
git" diýdim. "Bolýa ýolda$ McM, aýdy$yñyz ýaly ederin" diýip
boýnuma bökdi. 1 minut ýaly sypdyrman gujaklady, egnime kellesini
goýup burnuny çekip aglaýardy. "Boldy et indi, aglama" diýdim.
Ýylgyrdy, " Begenjimden aglaýan bu gezek" diýip burnuny çekdi.
Hasam ýüregim awady, saçlaryny sypaladym, boldy et diýip
barmaklarym bilen gözýa$laryny süpürdim. Soñ, "Sen eýwana geç, men
kuhnýany ýygnap geljek. Telewizory açaýyn, ýeriñi salyp bereýin, ýat"
diýdim. Sesini çykarman eýwana gitdi. Men tabagy, çemçâni yuwup
kuhnýañ çyrasyny öçürip eýwana geldim. Telewizor açykdy, ýöne ol
eýwanda ýokdy. 100 göterim, meñ ýatýan otagymdady, hemi$eki ýaly
ýene ýalan sözläpdi. Telewizory öçürip ýatýan otagyma bardym.
Dogrudanam, ýatýan otagymdady, ýorgany üstine çekip uklap galypdy.
Kellãmi ýaýkap " Bilýârdim $eýle boljagyny" diýip menem oñ ýanynda
ýatdym. Meñ gelenimi e$idip yorganyñ assyndan "Geldiñmi? Gijâñ
rahat bolsun" diýip oÿaly-ukuly hüñürdedi, eli bilen sermelâp ýüzümi
sypalady. Üstimizi ýorgan bilen gowy edip ýapdym, mañlaýjygyna birje
posa goýdum, " Gijâñ rahat bolsyn" Gelen, meniñ ýekeligim,
ýalñyzlygymdy. Düýn gije hem meni ýeke goýmandy. Ol mensiz,
menem onsyz oñup bilemzokdyk. Süýtli kofe ýalydyk...
"SALLAH ADAMYÑ OÝLANMASY"
Sallah bir dostumyñ oýlanmasy:
-Bää, illeñ söýgülisi bareý tüweleme...Bir gün meñem söýgùlim
bolarmyka? Söýgülim bolsa gowy bolardy...Bileje kino, teatr-a
giderdik...Ýoklaý, teatr kãn halamok men. Kino gitsegem ýetik bolar...
Dogrudanam, söýgülim bolsa nâhili bolardyka? Bileje gezerdik, çigit
çigitlärdik bileje. Bazara gidip $a$lyk, fitçi iýerdik. Morojny iýerdik...
Söýgülim bolaýsa ady nâme bolardyka? Oglan bolardymyka ýa gyz
bolardymyka? Aý oglan bolsyn, gyz bolsyn tapawudy ýokla. Wepalysy
bolsun-da...
A$akdaky jogaplaryñ haýsysy, hekaýadaky sallah?
a) McM
Dogry.
"ZARBA"
6-njy klasy gutaryp 7-ä geçen tomusymyzda, kakam bir gün i$den gelip
"McM, ertiriñ özinde boksa ba$laýañ. Pylan ýerdãki sport zal bilen men
eýýãm gürle$dim. Ertir okuwdan soñ sen git, boksa ýazyl." diýdi. Kim
bilýã nireden tapdy bu gürrüñi. Meñ dañdan 5-de turyp telewizorda
Tyson-yñ oýunyny görýânimdenmi, ýa aýnañ öñünde duryp biri bilen
ur$ýan ýaly bolup maýmyn bol$umdanmy, ýa-da bizden gizlin Gitler-iñ
"Mein Keimpf" kitabyny okap, Gitler-iñ maslahat ber$i ýaly çagasynyñ
ýyndam we saglyk taýdan ösen bolmagyny isledimi bilemok. Ejem
$unça " Kakasy, bu çaga öñemãmyrtar, boksa gitse ýüzini tanar ýaly
etmezler " diýip zeýrense-de,kakam diñlemedi, "Ertir ba$la boksa."
Gürrüñ gutardy. Ba$ladyk boksa, ilki günler höwes bilen gitsemem,
soña baka ýadap ugradym. Hamana boks öwrenmäge gitdim welin, her
gün taýak iýýãn. Boksda taýak iýmeli bolarsyñ, oña sözim ýok. Ýöne
men tãze bolamsoñ, menden 2-3 ýa$ kiçilerem gelip ýumruklap gidýã.
Zala gelmãnká ejesinden-kakasyndan kâýinç e$iden, ýüregi gysan, "Gel
türgenle$eli" diýen bolup ýüzimi penjelâp gidýã. Dagdy boldym halys.
Kakama-da diýip bilemok, "Nãhili, boksa öwreni$ýãñmi?" diýip soraýa,
menem "Hawa, hezil" diýýãn. Taýak iýmegiñ nãmesi hezil-kä? Kanikul
gutarandan soñ okuw ba$laýar bahanasy bilen boksy ta$ladym. Hezil
etdim. $eýlelik bilen, mowzugyñ ahyryna ge... Oýun edýân, indi
ba$laýar mowzuk. Muny nãme üçin ýazdym, mundan beýlãk
ýazjaklarym bilen baglan$yklyrak bolany üçin ýazdym. Ýadyñyza
dü$ýãn bolsa, men ilki Ertir-e gelâýen wagtlarym,"Halaÿan gyzyña
go$gy ýazmak" diýip mowzuk açypdym. ol mowzukda,Hatyja diýip bir
gyz bardy. 6-njy klasda hat aly$yp ba$ladyk. Kanikul gutardy,biz 7-ä
geçdik, biz entãgem hat aly$maga dowam edýârdik. Birgün, klasda
$eýle gürrüñ ýaýrady, "Sapar, Hatyja hat beripdir." Saparam bizden 1
klas uly, Hatyjalañ töwereginde ýa$aýan bir oglan. Hatyjadan soraýan
welin, ýok beýle zat diýýã. Ýöne men $onda-da Sapar-a di$imi gyjap
ugradym. Gören ýerimde gy$yk seredýãn. Olam meñ Hatyja bilen hat
aly$ýanymy bilýãn bolmaga çemeli, o-da gören ýerinde $eýle. Men
gönümel yrsarabam bilemok, uly bolansoñ çekinýãnem. Özi bir zat
diýse topularyn diýip gezip ýörin, Hatyja bilenem aram saz. Ýene
birgün, arakesmede da$aryda top oýnap ýördük. Oglanlañ biri topy
gatyrak depdi, top, Sapar dagyñ ýanyna gitdi. Sapar dagy 4-5 sany oglan
bolup otyrdylar, Sapar ýerinden turyp "Eý, indi topyñyz bârik gelãýse
og$aryn sizi" diýdi we topy alyp ba$ga tarapa depip goýberdi. Ana, meñ
gözlãp ýören bahanamam tapyldy. Sapar-a "Senem indiki gezek topy
depseñ, aýagyñy döwerin" diýdim. Sene-mene ba$lady, oglanlar
araladylar, gezip ýören mugallymlaram bolansoñ dawamyzy goýbolsun
etdik. Jañ kakyldy, klasa girdik. Entãk sapak ba$lamanka, Saparyñ
dosty klasa girip hemme ki$in öñùnde "McM, Sapar señ bilen ýekeýekã çykmakçy. Erkek bolsañ sapakdan soñ 4-nji korpusyñ arkasyna
gelsin diýýâ" diýip gitdi. Hemme ki$i e$itdi, Hatyja-da e$itdi. Gitmesek
bolmaz. "Bolýa" diýdim. Meñem özimçe Sapar bilen gürrüñim bardy,
bula has gowy boldy diýip pikir etdim. 4-nji korpusyñ arkasam, NýuÝorkyñ çola köçeleri ýaly bir ýer, ýeke-ýekã çykýanam $otak barýa,
çilim çekýãnem, nas atýanam. Her mekdepde bolýandyra $eýle ýerler.
Sapak gutardy,hemme ki$i maña goldaw berýâr. Hatyja bolsa dymýar. ñ
azyndan ur$ma diýer, onam diýmedi. Men 4-korpusa gitmek üçin
taýynlandym, kanikulda boksa gatnamsoñ özime-de göwnim ýetýã.
Boksdan soñ, ilkinji ur$ym, hem özümi barlap görerin diýÿãn. Aý
garaz, ringe Klitçkony ugradýan ýaly edip ugratdylar oglanlar meni.
Menem Demirgazyk Koreýa-nyñ prezidentiniñ halkyna el galgady$y
ýaly klasdakylara elimi galgadyp klasdan çykdym, ýanymda-da 3-4
sany oglan bar. Gulagymda Rocky Balboa kinosyndaky Eyes Of Tiger
aýdymy ýañlanýar. Özimçe eýýãm ur$ planymy taýynladym, baryp göni
eñegine ýumrugy goýmakçy. Ýöne biziñ oglanlarymyzyñ biri 4-nji
korpusyñ arkasyna ýetip barýarkak "McM,seresabrak bolgyn, Sapar 1
ýyl bãri dzýudo gatnaýamy$. Eliñi tutdurmajak bol" diýdi. Men
üstinden gaýnag suw guýlan ýaly boldum, Mowzuk ýazyp otyrkañ
mowzuk gutarmanka birden "Mowzugy go$"-a eliñ degip mowzugy
ugradanyñdaky ýaly janygyp, naýynjar ýagdaýda "Öñräkden aýtmaly
ekeniñ-dâ" diýýãn ýaly dost oglanymyñ ýüzine seretdim, $onda-da
bildirmediksirãn bolup "Gatnanda nãmow dzýuda, menem bokser"
diýdim.Gatnanym 3 aý, onda-da hemi$e taýak iýdim, $onda-da hondan
bärisi men. 4-nji korpusyñ arkasyna bardyk, Sapar eýýãm gelen ekeni.
Oglanlar gitdiler, bizem ýeke-ýekä galdyk. Öñem-á uzyn oglan welin,
dzýuda gatnaýar diýensoñlar gözüme hasam uzyn bolup görünýârdi,
Ÿeke göz bilen ur$ýan ýalydym. Köýneginem çykarypdyr, maýkajyk
bilen dur. Soñ, ur$daky adaty gürrüñler ba$lady:
-Sen kim-ow?
-Sen kim-ow?
-Men senden soraýan, sen kim-ow?
-Menem senden soraýan-ow, sen kim-ow?
-Men Sapar-ow
-Menem McM-ow
-Bolañda näme-ow McM
-Bolañda näme-ow Sapar...
$u gürrüñleri 10 gezek dagy gaýtalandyrys. Soñ, birdenkâ yza süý$ip
uraýyn diýdim. Yza süý$ip elimi aýlanymam $oldy welin, seretsem
ýerde ýatyryn. Bu nãme boldugy-aý diýýãn menem. Nãme bolanyny
bilmãn galdym. Men elimi uzadamda, elimden tutyp ýanba$dan ýere
pylçap urupdyr. Tàzeden ýerimden turdym, bu gezek seresabrak
bolaýyn diýip oglandan uzagrakda durdym. Ýene uraýyn diýip
topuldym, ýene ýerde ýatyryn. ñ soñky gören zadymam ýerdãki çilimiñ
biçogy. Ba$ga zat görüp ýeti$medim. Sapar stanok ýaly, golaýyna
barsañ zyñyp dur yzyna. Turjak bolýan welin ba$ym aýlanýa. Zordan
turdym, kelle indi gowy i$lãnok, boksy zady ýatdan çykardym, gözümi
ýumup Türkmen ur$ edip ýumrugymy aýlap ugradym, birem degenok
Sapara. Bu-da dzýudo zat bilen i$i bolmady, (sebâbi gerek dál)
Türkmen ur$ etdi, uzyn bolansoñ meni hezil edip urup ba$lady.
Aýagym büdrãp ýere ýykylsamam depýârdi. Men ur$madana geçdim
indi, gaçmagyñ çäresini gözleýârdim. Ol bolsa duranokdy, gabat gelen
ýerime depýãrdi. Ýerde süýrenip gaçjak bolsam, aýagymdan çekip
alýardy we tâzeden depip ugraýardy. Hiý ýüzbe-ýùz ur$da siziñ
syrtyñyza dyz bilen depdilermi? Meñkä depdiler. Sapar depdi. Ýüzbeýüz ur$up bilmedim-ä oñ bilen, elim bilen kellämi gorap yzyma
öwrülýãn, olam dyzy bilen syrtyma depýã. Da$yndan seretseñ
Amerikanskiý borba görýãn ýaly, Sapar meni depýâr, gapýar, gujagyna
alyp ýumruklaýa. Men boldy et diýip gygyrybam bilemok, sebäbi
gygyrmaga wagt ýok. Ur$ diýilýãn zat ikitaraplaýyn bolýar,
$eýledälmi? Biziñ ur$umyz bolsa ýeketaraplaýyn, Sapar urýa, men
goranýan: ( Ur$ ýeke taraply bolany ùçin Saparyñ ýüregi gysdymy ýa
uryp ýadadymy bilemok, Sapar urmany bes etdi. "ndi gaýdyp Hatyjañ
ýanynda görâýmâýin seni" diýip köýneginem alyp gitdi. Aslyýetinde
top bahanady, ikimizem Hatyja üçin ur$updyk. Men, ýeñildim. Meñ
dost oglanlam, 4-nji korpusyñ öñünde maña gara$ýardylar. Sallamsajak bolup ýanlaryna bardym. "Burnuñ ganaýar" diýdiler, "Zyýany
ýok" diýdim. Öýe geldim, Amerikanskiý kinolarda, kino gutaryp haty
geçip ba$landa ba$ gahrymanyñ skoro pomo$ ma$ynyñ yzynda egnine
odeýal ýapynyp ça$kada kofe içi$i ýaly, egnime un halta oklap bir káse
çaý aldym. Ejem görüpdir beýdip otur$ymy, sübsãñ sapy bilen
böwrüme dürtip "Gyran degen, üsti- ba$yñ un boldy, e$ikleri sen
ýuwýansyñ meýit" diýdi, ýüzimi görensoñ gynandy. Ejem, suw bilen
ganly ýüzimi ýuwdy, ganly ýüregimi ýuwup bilmedi. Erteki gün okuwa
gitdim, Hatyja meni ta$lady. $ol gün, gyzlaryñ maña zarba uran ilkinji
günidi...
"KOFE"
$âherde táze Kofe dükany açylypdy, her gezek deñinden geçenimde
dükana seredip uludan demimi alýardym. Men haçan gelerkãm bu
dükana? Gelsem pulym ýetermikâ? çinde diñe kofe satylýarmyka ýa
çaý-paýam barmyka? Beýle pikir etmegimiñ sebãbem, dükan Lýuks
bolup görünýãrdi. Babyrlar gelýãndir bârik, Buharañ jögileri ýaly edip,
meni içerik almazlarla, jübide çigit alar ýaly pul ýok diýip pikir
edýãrdim. Ýöne her gezek deñinden geçemde içimden "Bir günâ
hökman $u taýdan kofe içerin, gerek bolsa kakamyñ jübisinden pul
ogurlaryn welin, gelerin" diýip gamlanýardym, gözime ýa$ aýlanyp
alyslara seredýárdim, ýörâp barýarkam büdreýârdim. ne bir gün, bir
sebâp bilen tötânleýin "Visa" karta eýe boldum. Kakam nâçe " ulanma
dereksiz, saña geregem bolasy ýok welin aldyk-da" diýse-de,
ulanmakçydym. $ol diýýãn kofe dükanyma gitmek üçin pursat dörãpdi.
Ýanymda az-owlak pul bolsa-da, visa karty alyp dùkana gitmekçi
boldym. Meñem visa kartym bardy, menem babyrdym. ndi arkaýyn $ol
dükana gitsegem boljakdy. Bahalary gymmat bolup pulum ýetmâýen
ýagdaýynda, arkamda dag bolup "Visa" kart durýardy. E$iklerimi
geýdim,gulagyma-da phone-yñ nau$niklerine meñze$ fason, arzanjak
ak nau$nik dakdym. Eger dü$üni$mezlik bolaýsa ýa kofýãñ adyny okap
bilmân masgara bolsam nau$nikden e$idip bilmedim diýip wagt utar
ýaly. Taksâ münip dükanyñ göni öñinde dü$dim. Visa kartymam
ýitirãýmâýin diýip pugta elimde tutýardym. Dükana girdim. Girsem,
dogrudanam Lýuks ýer ekeni. Gyz offissiant güler ýüz bilen gar$y aldy.
Menem elimde pakedim, gulagymda arzan nau$nigim, hamana
Türkmenistan-yñ iñ babyry ýaly, leññeç ýaly gollarymy açyp ýörâp
hondan bârisi bolup oturdym. Bular ýaly ýerlere köp gelip gidýãn ýaly
hereket edýârdim. Oturmankam barmagym bilen stoly çyzyp stol
arassamy dálmi barlan boldym. Gyz ýanyma gelip menýuny berdi,
stolyñ ba$ynda meniñ zakazyma gara$ýardy. Men menýu seretsemem
dü$ünemokdym. 5 ýa$ly çagañ roman kitaba seredi$i ýaly kofeleriñ
atlaryna seredi$dirýãrdim. Hijisem öñ e$iden zatlarym dãldi, birinji
gezek gelýârdim, nãdip bileýin? Elim bilen "$undan ber" diýjek
boldym, soñam offissiantka maña bilenok diýmesin diýip kofýãñ adyny
tutup zakaz bereýin diýdim. ndi, menýuda adyny iñ añsat okap bilãýjek
kofýãmi gözleýârdim. Gyz henizem gara$ýardy. Gözüme atlaryny añsat
okap bilaýjek iki sany kofýam kakly$dy, "Frappuccino" we " Japanese
syphon". $u ikisiniñ birini diýmekçidim. Ýöne bularyñam atlaryny
düziw okap biljegim belli dâldi. Soñynda, nãme bolsa bolsun diýip
gözümi ýumup " Ýaponski sipyanxgdcdf" diýip çalt-çaltdan bir zatlar
samradym özümem dü$ünmedim. Gyz, dü$ünmãn añk-tañ boldy.
Ýüzime seredip gülmejek bolup zordan saklanýardy. Masgara boldym.
5 sekunt maña seretdi ýöne 5 sagat sereden ýalydy. Bir zat edip bu
ýagdaýdan ba$ alyp çykmagym we ünsi ba$ga tarapa sowmalydym.
"Japanese syphon içmekçimisiñiz, örãn gowy" diýdi. ki hepdelãp sakaly
syrmamsoñ, Türkmene meñzeýãn ýerim ýokdy, onuñ aýdanlaryna
dü$ünmediksirãn bolup "Sorry?" diýdim. Soñam "Yes yes, japan japan"
diýdim. Gulagymdaky fason nau$nigi görkezip " aý e$idemoga" diýýãn
ýaly elimi galgatdym. Gyz maña da$ary ýurtlymyka diýipdi. Geñ galyp
" Where are you from? What is your name?" diýip sorady. Bu zatlaram
çalaja bilýãn, olaram okuwda öwrenen zartlarym. " am from Spain. My
name is Antonio" diýmekçidim. Ýöne iñlisçe Spain-i düzüw aýdyp
bilmerin öýdip diñe " My name is Antonio" diýdim. Gyz okey diýip
gitdi. Howwa, eýýãm men bir spaniýalydym, adym bolsa Antoniody.
Xavi Hernandes, Raul Albiol, ker Casillias dagy meniñ
zemlýaklarymdy. Nâme üçin beýle diýenime özümem bilemok. Ondan
bir gün öñinçá "Desperado" gören bolmagymdanam ahmal. Kofe geldi,
iki owurt aldym. Dükanyñ i$gârleri bolsa maña seredi$ip bildirmänjik
gülýârlerdi. Bildiler öýdýãn Antonio dãldigimi, gaty masgara
bolmankam gideýin diýip kofyem gutarmanka hasaby bermekçi
boldym. Gyza seredip elimi galdyryp hat ýazýan ýaly hasaby soradym.
7 manatlyjak hasaby visa bilen bermekçidim. Gyza kartymy berdim.
Visa kartyñ üstinde bolsa adym we familyam ýazylgydy, Antonio dâldi,
" McM McMow " ýazylgydy. Aljyrap gulagymdaky nau$nigi
çykardym, nau$nikden Nurmuhammet Meredow-yñ " Men garyyyp
biçâreee" aýdymy ýañlanýardy. Dogrudanam hem garyp, hem
biçáredim. Haýdap ýerimden turdym, kartam alyp gapa tarap ýöredim.
Dükandan çykyp barýarkam köwüme kofe dökülendigini gördim.
Süpürmesem tegmil bolup galaýmagy hem mümkindi. Hemme zady
ýatdan çykaryp aladalanyp sap, aksentssiz, arassa Türkmençe bilen "
Salfetkañyz barmy?" diýdim. Antonio, 30 sekuntda Türkmençe
gürlemãni öwrenipdi. $gárleñ biri gülmãn zordan saklanyp
"Ýanyñyzdaky stoldan alyp bilersiñiz" diýdi. $eýdibem, dükandan
çykdym. Utanjyma öýe nãdip gelenimi bilmãn galypdyryn. Ýerganat
ýaly, Lýustradan dik ba$a$ak asyl$yp özime jeza berdim.
"TOÝDA MASGARA BOLMAK"
Orta mekdebi gutaran ýylymdy, hala$ýan gyzym bilen sene-mene
edipdim, 1 hepde ýaly gürle$medik. 1 hepde lapym keç bolup gezdim,
çaý-çörek bilenem i$im bolmady, oglanlar bilenem görü$emokdym.
Her 1 sagatda bir, dyrmyyp agaçlañ depesine çykyp " Nâme üçin hã?
Nãme üçiiiiiin?" diýip gygyrýardym, agaçlañ ýapragyny çeýnãp
ýuwdýardym, garaz, gynanjyma nãme edip ýörenimi özimem
bilemokdym. Gyz bolsa, barmysyñam diýenokdy,
hatlaryma,habarlaryma jogap bermeýârdi. ne bir gün, gullukdan tâzerãk
gelen goñ$ymyz, " gullukda$ym toý edýâr, bile gideli, köp durjak dâl
menem, 1-2 sagat oturyp gaýdarys, hem-em göwniñ açylar. Beýdip
Kapuçin maýmynlary yaly bolup ýörme" diýdi. Menem ilki ýok
diýsemem, soñ gideýin diýdim. Dogrudanam, göwnim açylmagy
mümkindi. Geýindim, üstime fason duhiden sepinip toýa diýip öýden
çykdyk. Barsak toý ba$lapdyr, gullukda$laryna-da aýratynja
ýerberipdirler, oglanlar iýip-içip otyrlar. Oturdyk bizem, goñ$y oglan
gullukda$lary bilen gujakla$dy, menem ýeke-ýeke tany$dyrdy.
Keýpimem ÿok, nahar bilenem i$im ýok. Tâze gelin ýaly usuljyk bilen
öñümdãkilerden iýip otyryn.Ýanymda oturan gullukda$larynyñ biri,
arak guýjak boldy. Ÿok, guýma, diýdim.Goñ$ymam " içseneaý-ow,
azajygam bolsa derdiñi ýatdan çykararsyñ" diýdi. Soñam gygyrypgygyryp "Aý hala$ýany bilen dawala$ypdyrlaý,ýa$lar-da nâtjek" diýýã.
( görenem 80 ýa$ly ýa$ulymyka diýer, özi menden 2 ýa$ uly). Beýle
diýen soñ, oglanlar hasam " Al iç" diýip dyzadylar, gazaklar ýaly "Al
dawaý, al dawaý" diý$ip. Bir gezek göterdim, 2gezek göterdim,
oglanlaram meni haladylar, gül$üp-degi$ip ba$adyk. Gaýgy-gam
azaldy, wagtlaýynça ýatdan çykdy hemme zat. Men serho$rak bolup
ba$lanymy duýyp ba$lapdym, indi içmâýin diýsemem ýanymda oturan
oglan "maña ýolda$ bol" diýip guýýa, goñ$y oglanam öz ýanynda
oturan oglany gujaklaýa, o-da tüpeñ bolupdyr. Dostlar, bilýänsiñiz,
gullukdan tâzerãk gelen oglanlaryñ bar gürrüñi gulluk baradadyr. Men
$eýle gezdim, men $eýle depdim, komandir meni gowy görýãrdi, aý,
maña çast-da gal diýdiler welin galmadym, gulluk eden ýerimde
hala$ýan gyzym bardy $.m. Meñem iñ halamaýan gürrüñim $olar ýaly
gürrüñ. Arabskiý çast-da gulluk edipdir, hamana Stalingrad-da gulluk
eden ýaly gürrüñ berýâr. lki ba$da aýdanynyñ zyýanam ýok welin, dâliñ
bellãni demirýol diýli$i ýaly, $ol bir gaýtalan zadyny gaýtalaýar. Soñ,
gürrüñi ba$ga tarapa sowmak üçin tans edeli diýdim. Bolýa diýip
ýerinden turdy. Bag$ylaram bolgusyzja bag$ylar, bir zatlara
tyññyrdadýarlar, ýatke$liklerem gowy dãl öýdýãn, 2 sagadyñ içinde $ol
bir aýdymy 20 gezek gaýtalap aýtdy. Menem köprãk içenimdenmi ýa 2
sagatlap gulluk gürrüñi diñlãnimdenmi bilemok, serho$ bolupdyryn,
halk aýdymda kü$tdepdi depip ýören boldum. Hiçkimem gelip diýenok,
"Dost, halk aýdymda kü$tdepdi depýãñ, sizden ba$ga hiçkim ýok tans
edýan" diýip. Aý, seredip gülü$ýãndirlerle. Soñ, gullukda$lary hem
geldiler, olaryñam ýagdaýy gowy. Böküp-böküp tans edýârler. Oglanlar
çapak çalyp" Hooooww, heeew" diýýárler, menem gowy tans
edýãmikãm diýip jo$ýan,hamana, deñizde balyk, tokaýda ýolbars, "
Tanssor disko-da" Mithun Çakraborti men. Özimi ýitirip tans edýân,
gara der bolup. Aý nâme, köprâk içipdirin, onsoñam, gyz bilen
sögi$emsoñ nâçe gün bâri keýpim ýok, toýda jo$dum-da gadyrdan agza.
$eýdip tans edip ýörkãm, birden aýagym taýýan ýaly boldy. Seretsem,
tans edip ýören ýerimizde ölrãk bir ýer bar ekeni. Köw$imem
Alladdiniñ lampoçkasy ýaly köwü$, öñi galyp dur, sãhel öl bolsa taýjak
bolupdur. Menem oglanlara diýýân "Eý, $u ýere seresap boluñ, taýyp
ýykylaýmañ-ow". Taýýan ýer ýatdan çykdy, guduzlan it ýaly tans edip
ýörin, gidip ba$ga krugdaky daýzalar bilen tans edýân, ol taýdan ýene
öz krugymyza gelýãn. $ol taýýan ýere gelenimde, böken boldymmy
nãmemi, sag aýagymy ýere basdym welin sag aýagym taýdy. Menem
özimi saklajak bolup elimi ýere goýdum,eñegim tas çep dyzyma
degipdi. Düýegu$ ýaly kellãm a$akda, syrtym ýokarda, palçyga giren
inomarka ma$yn ýaly dyzap duryn ýykylmajak bolup. Bu
diýýãnýzatlarymyñ hemmesem 10 sekuntda bolup geçýâr. Zordan
ýykylman durdym, oglanlañ birem, gelip elimden tutyp turuzdy.
Turuzdy turuzmasyna welin, meñ ýùzim çym-gyzyl boldy. Hawa, özüm
illere "Seresap boluñ, taýýar" diýip duýdursamam, meniñ özim
taýypdym. $onda-da bildirmediksirân bolup tans etmãge dowam etdim.
Ýöne, indi azajyk gow$adym, taýan ýerime gelen wagtym uzagrakdan
aýlanyp geçýârdim. Soñ, goñ$ym "Bir zat aýtjak" diýip gyra çekdi.
Menem öýe gaýdaly diýjek bolýandyr diýdim. Gulagyma " McM,
balagyñ ýyrtylypdyr" diýdi. $ol wagt serho$lykdan açyldym, göýâ,
bag$yñ sesi durdy, adamlar çala hereket edýân ýaly bolup görùndi, "Bez
lisso" kinosyndaky ýaly restoranda kepderiler uçýardy, özümi Nicolas
Cage-in gar$ysyndaky John Trawolta ýaly duýdym. Ýuwa$lyk bilen
balagymy barladym, dogrudanam, taýan wagtym, balagymyñ ortasy
ýyrtylypdy. Toýdakylar, Nu pogodidâki möjegiñ gülli türsügi ýaly gülli
türsigimi gören bolmaklary ahmaldy. " Görünýãmi?" diýip goñ$ymdan
soradym, "Ýok, siñe seredáýmeseñ kân bildirenok" diýdi. "Sen nádip
gördüñ onda, meñ syrtyma nâme üçin siñe seredýâñ?" diýdim, jogap
bermedi. "Gaýdaly indi, men oglanlar bilen sagbolla$aýyn" diýip gitdi.
Menem stena ýaplanyp durdym, ýene keýpim pozuldy, toýdaky çagalar
gelip barmaklary bilen meni görkezip bir zatlar diý$ip güli$ýârdiler,
muzeýde heýkel synlaýan ýaly meni synlaýardylar. Goñym geldi, " Ýör
gaýdaly" diýdi. Ol öñden ýöredi, menem ýyrtyk ýerim görünâýmesin
diýip Michael Jackson-yñ "Moonwalk" tansy ýaly, yzlykgan aýagymy
taýdyryp ýörâp restoran-dan çykdym
"ÖTÜNÇ SORAMAK"
Bârde ýazyp ba$lanymy bir dost oglan bilýárdi, geçenki temany okap
hezil etdim diýdi. Soñ, " McM, hol nemãnem ýazsana" diýdi. Men "
Neme námaý? Nãme ýazaýyn?" diýdim. Ýatlatdy, aý ony ýazmaly
diýsemem günime goýmady. " Dost, garry adam-a ol, ol barada bir
ýazmaly, ululyra sylag bolmasa bolmaza" diýdim. Dogrudanam, meñ öz
durmu$ym barada ýazamda ýaýdanyp duramok, emma ba$ga ki$iñ
durmu$y barada ýazmaryn. Eger özi rugsat bermese. Ýöne wakada men
hem bardym. Ol dost oglanam," McM, ýaz sen, hem atam barada
ýadygârlik bolar, men seniñ ýazanyñy hemme ma$galamyza okatjak,
soñ-soñlaram okarys, ýatlama bolar" diýip bir gysym çigit, bir $tuk
çilim berdi. Men, çilimi otladym, çigidi jübime guýyp Al Pacino ýaly
gözlerimi süzip alyslara garadym. "Bolýa, bol$una görâ ýazaýyn, seret,
soñ biri akyllysyrap teswir ýazsa öziñden gör" diýdim.
"Bolýa,degi$medir-dã, atam barada ýazylgy ýadygãrlik bolar, kim nãme
diýse diýsin" diýip ýene bir gysym çigit we bir $tuk çilim berdi welin
derrew razyladym. Ba$lalyñ onda, hol taýdan bir stul al-da gel otyr,
gürrüñ bereýin gadyrdan agza...
ol wagtlañ puly boýunça 16 ýa$lydym men. Toýa bile gitmek üçin dost
oglanyñ öýlerine bardym. Aslyýetinde öýlerine barmaga-da
çekinýârdim, sebãbi atasynyñ maña jyny dü$üpdi. Maña dâl diñe,
garryrak bolansoñ adam pahyr ynjyk bolýar-da, agtyklarynyñ ýanyna
gelýãn ýolda$laryny kán halanokdy. Men köplenç jynsy geýemsoñ,
baran wagtlam "Ors heleý ýaly bolup endamyña ýelme$ip duran balak
geýýãñ" diýip gaharlanýardy. 5 wagt namaz okaýan, takwa adamdy. Öz
agtyklaryna-da jynsy geýdirmeýârdi. Hawa, dost oglanymyñ öýine
bardym. Atasam tapçanda otyr ekeni, salam berip öýe girdim, göwinligöwinsiz salamymy aldy ýa$uly, sakgalyny sypalap bir zada diýdi
soñam, gowy zat diýmediginã bilýãn. Men içeri girdim, dost oglanymyñ
ejesi, aýal dogany, ondan kiçi dogany we olaryñ joralaram bardy.
Ýa$ulyñ nãme üçin tapçanda hasasyny ýere urup oturanyna $ol wagt
dü$ündim, ýylanyñ ýigreneni narpyz diýli$i ýaly, öýi,agtyklarynyñ
joralary we dostlary (bir men) dolydy. Dost oglanam ejesi bilen otyr
ekeni. Soñ, geýinmek üçin turdy, seretse hemme otaglar doly, birinde
dogany we joralary, beýlekisinde kiçi dogany we joralary, bir otagam
kakasy bilen ejesiniñ otagy ol taýda-da, kakasy bar, i$lãp otyr. Ýene bir
otag bar, o-da atasynyñ otagy. E$iklerini geýmek üçin atasynyñ otagyna
girmeli boldyk, dost oglan geýjek e$iklerini alyp otaga girdi, menem
yzyndan girdim. $ol otaga girip barýarkak, gurbanlykda damagy
çalynjak goýun ýaly, erbet bir zat boljagyny ýüregim syzdy, alyslardan
"Girme ol otaga" diýip nâtany$ ses ýañlandy, agaçlaryñ ÿapraklary
$ygyrdady, arassaja öýde 1 gysym gum tüweleý bolup asmana galdy...
Otaga gireminimizden soñ, dost oglan, meñ e$igime seredip,"McM, señ
e$igiñi men geýeýin, meñ e$iklerimem sen geý" diýdi. $eýlebir zat bar
dostlar, gyzlar toýa zada gitmânkâler joralaryna " Köýnegim nâhili,
saçym nâhili, köw$üm gowumy?" diýip soraýandyrlara, oglanlaram
birden e$iklerini çaly$yp geýâýýârler $eýdip. Türsiginden we
köw$inden ba$ga hemme e$iklerini çaly$ýarlar. Käwagt köwü$em
çaly$ylýar. Razmerimiz deñ, "Bolýa çaly$aly" diýdim. Maña-da
üýtge$iklik bolar diýip pikir etdim. Futbolkamy çykardym, jynsymy
çykarmankam jübisindãki zatlary alyp dost oglana berdim jynsymy.
kimizem çykardyk e$iklerimizi, ýarym ýalañaç, türsikli durys. Beýle
zatlar bolmaýan ýagdaý dâl, köle ýa basseýka gidemizde palto bilen
gidemzoga, $u ýagdaýda ýüzýâris, ýürekde erbet zat ýok. Aý, ýañy
dostumyñ maña beren balagyny geýjek bolup egildim welin gapy
birdenkã açyldy, ýa$uly içeri girdi...Öñem-ä maña aýtmadyk zady ýok
welin, agtygy bilen meni ýarym-ýalañaç görensoñ özini ýitirdi. Gönimel
ýanymyza gelip gygyryp ugrady," Harrrrraaaamzaddalarrrr, meñ namaz
okaýan ýerimde, meniñ otagymda nemedýãñizmi utançsyzlar, (men
nemedýaniz diyip sypaýyçylyk edyän, ýa$uly sypaýyçylyk etmedi, $ol
sözi ulandy) men bilýárdim $u oglanyñ heleý ýalydygyny" diýip
hasasyny salgap üstimize topuldy, Pearl Harbor-a çozýän Ýapon
Lýetçikler ýalydy. Men nãme bolanyna dü$ünmãn galdym. Türsikli
bolsamam elim bilen bijaý ýerlerimi ýapýardym, dost oglanam eli bilen
dö$üni ýapýardy, hamana gyzlar hammamyna erkek giren ýalydy.
Ýa$uly gelip Gandalf-yñ hasasy bilen Aragon-yñ mañlaýyna ur$y ýaly
hasasy bilen agtygynyñ mañlaýyna urdy, "Men saña $uñ bilen tirke$me
diýip aýtmadymmy" diýdi. Men bolsa üstümden gaýnag suw guýlan
ýaly boldum, dilim damagyma gitdi, çep gözim öz-özinden
awtomatiçeskiý gyrpyp ba$lady, ýeñse damarym gatady. Ýa$uly, bize
ýalñy$ dü$ünipdi, bol-da, dü$ündirip bilseñ dü$ündir-dã. Soñ, ýa$uly
hasasy bilen meni dürtip ugrady, "Indi $u öýe gelâýme heleý balakly"
diýýârdi. Men bolsa elim bilen eýlãmi-beýlãmi goraýardym, Hindistanyñ türsikli polissiýalary ýaly alaçsyzdym. Ýa$uly bolsa " Güne$"
grupbañ sakgally depçisi ýaly, hasasy bilen kä agtygyny, käte bolsa
meni urýardy. Men "Eýýý, ataña ýagdaýy dü$ündirsene" diýip
gygyrýardym, dost oglanym bolsa "Ataaaa, ejeeeee, kakaaaaa,
McMMMM gulagy agyrragow nädip dü$ündireýin" diýip gygyrýardy.
Hasadan goranyp, a$ak egilip balagymy geýmãge synany$ýardym, $ol
wagtam balak saýlaýardym, ýerden öz balagymy dâl-de, dostumyñ
maña geý diýip beren balagyny gözleýárdim. ñ soñunda, "Ýa$uly boldy
et indiiiiiii" diýip gugyrdym. Gykylygymyza dost oglanyñ ejesi bilen
kakasam geldi. Zordan ýa$ulyny âkitdiler, gidip barýarka-da bize
"G.berenleeer, haramzadalaaarrr" diýip gygyrýardy. Ejesi gapyny ýapyp
biziñ ýanymyza geldi. "Nâme eden bolsañyzam bol aýdyñ, boýnuñyza
alyñ " diýýâr. Bizem hasam geñ galyp "Hiç zat edemzok, e$igimizi
çaly$ýardyk" diýdik. Ejesi " Bolýa, gidiñ-de ýa$uly-dan ötünç sorañ,
garry adam-da, hemme zady ulaldýar, baryñ ötünç sorañ" diýdi. Bizem
gitdik ötinç soradyk hiç zat etmesegem, "Ýauly biz g.beren dâl, toýa
gitmek üçin e$igimizi çaly$ýardyk" diýdik. Hat-da men ynandyrjak
bolup " Ýa$uly, indi gaýdyp jynsy geýjek dâl" diýip kasam etdim.
Ýa$ula ýalbaryp "Biz g.beren dál" diýip ýalbaryp durkak dost oglanyñ
doganlary we joralaram bize seredip durdylar, elýaglyk bilen
agyzlaryny tutup gülü$ýárdiler. Dost oglan bilen gürle$dik, keýp ýok,
toýa gitmedik. Men öýe gaýtdym. Öýe gelip telewizory açdym, at
çapy$yk bar ekeni. Ýalñy$ dü$ünmãñ, hakyky at çapy$yk, atly,
çapyksuwarly zatly. 1-nji ýary$da Mergen atly at, 2-nji ýary$da Bazar
atly at, pellehana ilkinji bolup geldi. 3-nji ýary$da bolsa çapyksuwar
bilen "Garry" atly at ýary$dy, çapyksuwar ylgap pellehana atdan öñ
geldi. Telewizory öçürdim, soñ nâme boldy bilemok. $ol ýa$uly
häzirem ýa$aýar, tüweleme, Alla jan ýa$yñ uzyn bolsun Kakabaý aga.
-McM, hawa ýazypsyñ tañ edipsiñ. Ýöne many ýoga. Sapak alar ýaly
zat ýok hiç...
-Saña sapak gerekmi dost?
-Aý hawa, sapak alyp bolsa gowy boljak-da...
-Gara häzir...Al. Al sapak bereýin saña. ññesi bilen berýân saña
sapagy...
-Bu sapagy diýemoga men...Hakyky sapak...
-ññe-den geçirmãkãñ tüýkiligiñ bilen ölle. Añsat geçer $onda...
-??!!
-Ölle gowja edip...Nemet...
"AÝNA"
10-11 ýa$ly çagakam, Nury diýip 4-5 dom beýlerâgimizde bir goñ$y
oglan bardy, menden 1 ýa$ uludy. Köçe-de top oýnaýan wagtlarymyz
köplenç bir komanda-da oýnaýardyk, dostlugymyz hasam berkeýârdi.
Nurylaryñ kommerçeskiý dükany bardy we dükan-da dogany durýardy.
Kâwagt-kâwagt dogany rugsat berse $ol taýda "Sega" oýnaýardyk.
Dükan, öýleriniñ ýanynda bolansoñ, dogany nahary öýde iýip gelýârdi.
Ana, dogany nahara giden wagty bizem pursatdan peýdalanyp "Sega"
oýnardyk. Bir gün, Nury ýene meni dükana " Sega" oýnamaga çagyrdy.
Bardym, dogany gelýãnçâ oýnadyk. Dogany geldi, bizem dükanyñ
içinde Nury bilen gürle$ip durdyk. Soñ, Nury birdenkâ oýun edip meni
dö$imden itdi. Menem señselâp, dükanyñ içindãki aýna degdim.
Dükanlarda vitrina ýaly aýna bolýandyr-a, köke-süýji goýulýar, sakgyç
goýulýar, ana $ol aýna. Ol aýna-da, galyñ vitrina aýnalary dál, hojalykda ulanylýan aýna öýdýân. Degen wagtym elim bilen badymysaklap
bilmân aýna gatyrak basandyryn-da, aýna çyp-pytrak boldy. Kökeleriñ,
süýjileriñ, sakgyçlaryñ içine gaçdy. Nury-nyñ dogany dâlirãp
gygyrýardy, men bolsa elime bir zat boldymyka diýip eline
seredýârdim. Elime bir zat bolaýdymyka pikiri we Nurynyñ doganynyñ
gygyrmagy bilen hasam gorkdym. "Men hiç zat edemoga, men hiç zat
edemoga, Nury itdä meni" diýip $umjaryp ba$ladym. Nurynyñ agasy
meni dükandan kowdy, menem öýe gaýtdym. Ýolda gelýârkãm elime
seredýârdim, ganamaga beýle-de dursyn, ýekeje çyzygam ýokdy. Geñ
galypdym. Ag$am kakam i$den gelenden soñ, Nuryñ agasy biziñ
öýümize geldi,"Ogluñ dükandaky aýnany döwdi, kakam $ol aýnañ
pulyny tölesinler diýýâr" diýdi. Kakam, hiçzat diýmãn jübisinden
çykaryp pul berdi. Menem beýleki otagda Nuryñ agasy bilen kakamyñ
gürrüñini diñlâp it ýaly saññyldap duryn. Aýna barada öýdãkilere hiç
zadam aýtmandym, indi kakamyñ öñüne suda çykmaly bolupdym.
Kakam, meni çagyrdy. Garagollyk eden wagtym gaharlanýan kakam, ol
gezek asudalyk bilen sorady, "Nâme boldy oglum?" Menem gorkymdan
sakawlap bol$y ýaly gürrüñ berdim. Hiç zat diýmedi,"Seresap bolmaly
aýna, eliñe zat bolmady dâlmi?" diýdi. Üstimden ýük aýrylan ýaly
boldy, uludan demimi alyp "Ýok kaka. Elimde ýekeje çyzyk hem ýok.
Men günâli bolsam ganardy. Günâli bolmanym üçin ganamady"
diýdim...
Biz Nury bilen henizem dostdyk. Ýöne bigünã ýerimde meni
günãkârlãnleri üçin içimden $olaryñ ma$galasyna gaharlanýardym. Bir
gezek, köçede top oýnamakçy bolduk. Nury bu gezek beýleki
komandada oýnaýardy. Birdenká, arymy almak üçin amatly pursat
döredi diýip pikir etdim. Top oýnap ýörkãk, bilkastlaýyn Nurynyñ
aýagyna depdim. Arymy aldym diýip pikir etdim. Nury bir hepdelâp
agsaklap ýöredi. Biziñ dostlugymyz $onda-da dowam
edýârdi...Günlerde birgùn, Nury okuwda menden bir sebâp bilen karz
pul aldy. Ertir berjek diýse-de, ertesi güni bermedi, birigüni bermedi,
ondan soñky güni bermedi, 1 hepde geçdi bermedi, 10 gün geçdi
bermedi. Men indi algymy sorap ugradym, her gezek, ertir berjek
diýýârdi we bermeýârdi. Ýagdaýy pesem dâldi, karz beren pulymam
ujypsyzja puldy, bir çaga beýleki çaga ullakan möçberde pul bermez-ä.
$onda-da algy algy bolýa-da, almaly. Ýene bir gün, Nury ylgap bize
geldi."Doganym öylãnden soñ gidýár, dükanda men durmaly. Gel
"Sega" oýnaly" diýdi. Menem $oool wakadan soñ olaryñ dùkanyna
gitmãndim. Agam gitdi diýensoñ we ep-esli wagt bâri "Sega"
oýnamamsoñ "Bolýa" diýdim we gitdim. Oýun oýnadyk. Gürrüñle$ip
otyrkak Nury,"Men öýe hajathana baryp gaýtjak. Sen men gelýãnçãm
otyr" diýip gitdi. Ol gidensoñ birden kellãmde "Aý, algymy alyp
bilemok, gowsy özim dükandaky puldan öz algymy alaýyn. Bilip
durasam ýok" diýen pikir döredi. Ýerimden turyp pul goýulýan çekmãni
açdym. Çekme-de ep-esli pul bardy, elimi pullara uzatdym, öz algym
bolan puly alyp jübime saldym, soñam ýerime geçip oturdym. Bu pullar
sanalgymy, alsam bilerlermi, meñ edýãn zadym dogrumy diýip pikir
etmedim, ogrulyk etdim. Nury geldi, hiçzat bolmadyk ýaly gürrüñle$ip
ba$ladyk. Doñdurma iýesim geldi, doñdurma aldym we jübimden
ogurlan pulymy çykaryp Nura uzatdym. Nury puly alyp çekmâ goýjak
bolup durka birdenkã sãginip pula seretdi. Men bolsa hiçzat bolmadyk
ýaly doñdurmamy gemirýârdim. "Sen bu puly nireden aldyñ? Çekmeden aldyñmy?" diýdi. Menem " Ýok-how, çekme-den alarynmaý, öz
pulym" diýsemem ýüzim ak-tam bolupdy, ýüregim çalt uryp ba$lady.
Nury bolsa "Hawa men öýe giden wagtym çekme-den alypsyñ" diýdi.
"Ýok" diýip inkârlesemem bolmady. "Sen gelmãnkãñ men $u pulyñ
arkasyna adymyñ we familiýamyñ ba$ harplaryny ýazypdym. ne seret,
N.K ýazylgy" diýdi. ndi nãçe urunsamam peýdasy ýokdy."Seniñ maña
bergiñ bardy, $ony aldym. Ýogsa öziñ berjek diýip bereñoga" diýdim.
Çekmâni açyp bergisini berdi, öz-aramyzda gürle$ip dü$ün$en ýaly
bolduk. Çaga geli$mejek paýhaslylyk bilen " Öýdãkiler meñ illerden
bergi alanymy bilseler maña kãýârler. $oñ üçinem bu ýagdaýy hiçkime
aýtjak dãl, senem aýtma" diýdi. Bolýa-bolýa edi$dik, utanjymdan çymgyzyl bolup öýe gaýtdym. $u wakadan soñ öñkiligimiz bolmady hijem,
dostlugymyz gow$ady. Soñ-soñlar, ulalamyzdan soñ ýagdaý kân bir
üýtgemedi, gören ýerimizde biri-birimize diñe salam-salam edip gezdik.
Aýna döwlen wagty günâkâr bolmanym üçin elim ganamandy.
Çekmedãki puly alan elim bolsa, günâli bolanym üçin hãzirem waka
ýadyma dü$en wagtlary ganaýar...
ne seret, ýene ganap ba$lady...
"SÖZLEM GUTARMANKA JOGAP BERMEK"
Temañ adyndanam temañ nâme hakda boljagyna dü$ünensiñizle.Sözlem gutarmanka jogap bermek, hemmâñize tany$ duýgy bomaga
çemeli. Okuwçykak, mugallym, sapaga aktiw gatna$ýanlara aýratyn
baha bererdi. Okuwçylaram aktiw gatna$yp gowy baha almak üçin,
bolmajy bolýardylar. ñ azyndan özüme jogap bermeli bolsa, özüm-ä
$eýledim. Sapaga aktiw gatna$malymy$yn diýseler, mugallym
sözlemini gutarmanka jogap bermãge synany$ardym. Meselem,
mugallym bir tema hakynda gürrüñ berýâr, sãginen wagty sözlemiñ
yzyna aýdan bolýardym, dogram bolsa ýalñy$am bolsa, kellâme $ol
wagt nâme gelse $ony aýdýardym. Maksat, sapaga aktiw gatna$mak we
gowy baha almak.
-Hawa çagalar, bugün sapakda Afrika mate...
-Afrika materiginiñ klimaty örân gurak bolýa mugallym!!!
- Hawa McM, gurak bolýar. Sebâ...
-Sebãbi, Sahara çöli bar mugallym!!
-(Mugallym, "Top oýnap ýörkãñ köw$üñ ýyrtlaýady-da Alla jan"
diýýân ýaly seredýâr) Emmm... Umuman aýdanymyzda, Sahara
çölihem...
-Ýer ýüzindãki iñ uly çöl mugallym!
-Hawa McM dogry aýtdyñ. Galyberse-de Afr..
-Galyberse-de Afrika-da Nil derýasy bar, ýer ýüzindãki iñ uzyn derýa.
Niagara aglawugy hem Afrika-da mugallym!!!
-(Mugallym bu gezek "Öýüñizdãki pi$igiñiz ölãýedi-dã" diýýân ýaly
seredýâr) Niagara Afrika-da dãl, Ýewropa-da!!! (Gahardan Demirgazyk
Amerika diýjegine Ýewropa diýýâr) Wiiiý, Demirgazyk Amerikada!
McM, meñ sözimi kesme, ýogsa ikilik goýup senem Sahara ugradýan
hâzir!
Bolmanda-da sokjarylyp otursañ ikiligem alarsyñ, Sahara-da ugradarlar,
Niagara-dan a$agam oklarlar. Bu ýagdaý, öýde-de birnãçe gezek
gaýtalandy. Kakam bilen ejem, gürle$ip otyrka menem go$ulyp
sözlerini bölýârdim. Bir gezek bu ýagdaýa kakam gaharlandy, diwara
ýaplap meni süsdi, soñam gujagyna alyp gujagynda ýumruklady.
$ondan soñ bu hâsiýetimi goýmaly boldum. Bu hasiýetiñ erbetligine
soñ-soñlar dü$ündim. Erbet diýsem, içýakgyç hâsiýet ekeni. Biziñ bir
garynda$ymyz bar, entãk diýmãnkäñ, nãme diýjegiñi bilip jogap berýâr.
Özem dogry jogap berýâr, haýran galaýmaly. Menem oña Nostradamus
lakamyny dakdym öz ýanymdan. $oña ýolda gabat gelsem ýaýdanyp
ba$laýan, sebâbi gürláre pursat berenok, nâme diýseñ öñünden jogap
berýár. Nou-Camp-da Messi bilen ýeke-ýekä galan derwezeban ýaly
alaçsyz duýýan özümi.
-Salaw...
-Waleýkim salam, gowumyñ, nirâ barýañ?
-Gowy, ükür. Ba...
-Bazara keýpine barýañmy, ony-muny almakçymy?
-Hawa, köýn...
-Alsañam arzanrak köýnek algyn-how, gymmat alma.
-Bolýa, siz ni...
-Menem gök-sök alaýmasam. Öýde gök-sök gutarypdyr welin gelnejeñ
meni ugratdy. Okuwlar gowumy, haçan gutarýañ?
-Nesip bolsa ind...
-Gutar how indiki ýyl diýme-de. Özüñ ýalylar eýýãm öýli-i$ikli boldy.
Senem gutar-da öýlen, i$e dur.
-Bolýa, men gideýin. Gelnejem daga...
-Bolýa esen bolsun, aýdaryn. Senem öýdãkilere salam aýt.
-Aýdaryn. S...
-Sagbol. Arzanragyny al köýnegiñem..
ne gör$üñ ýaly gadyrdan agza, gürlemage pursat berenok. $oñ üçinem,
meñ pikirimçe biri gürrüñini gutarýança diñlemãni ba$arjak bolmaly.
Bolýa onda, okanyñyz üçin minne...
"ERTIRÇI ERTIRÇÄ GUDAÇYLYGA BARSA BOLUP BILÄÝJEK
GÜRRÜÑLER"
Ertirçi, Ertirçä gudaçylga barsa nâhili bolarka? Gudaçylyk barada hiçzat
bilemok, ýa-da gürrüñe nâdip ba$lanýar, nâdip dowam edýâr, anyk
bilemok. Ýöne eýleden-beýleden e$iden gürrüñlerim boýunça
ýazmakçy. Ýalñy$an ýerlerim bolsa bagy$larsyñyz-da. Hany göz
öñimize getirip göreliñ:
-Salamâlik, otyrmysyñyz, gurgynmysyñyz?
-Hawa, gurgun, sizem gurgunmysyñyz, ho$ gelipsiñiz, geçiñ töre.
Saglyk-amanlyk sora$yp bolnansoñ, esasy gürrüñe geçilýár:
-Aýal dogan, biz-ä bir mowzuk bilen gelipdik...
-Aýdyberiñ aýal dogan, gowy mowzuk bolsa "Haladym-a" basarys...
-Neme-le aýal dogan, biziñ ýa$larymyz Ertir-de tany$yp biri-biriniñ
mowzuklaryny halapdyrlar, siziñ gyzyñyz biziñ oglumyzyñ mowzugyny
plýuslapdyr, biziñkem siziñ gyzyñyzyñ mowzuklaryny, teswirlerini
plýuslapdyr. Gyzyñyz biziñ oglumyzyñ temasyna teswir ýazan wagty,
oglumyz oña ýürejik oklapdyr. Bizem nâme, olar ýaly bolsa sawçylyga
barybereli diýdik
-Bäää, $eýle diýsene, gyzym öñ biziñ ýanymyzda bu mowzugy
açmandy, bu mowzugy ilkinji gezek sizden e$idýárin...
-Wiiý, men-â bilýânsiñiz öýdüpdim. Mowzuga ilkinji teswir menden
bolupdyr-da onda, okla ýürejigi
-Dursana entâk julka, hany bir beýleki teswirleri hem göreli-dá.
Ogluñyz öz döredijiligiñizmi ýa ba$ga ýerden alynanmy?
-Hakyt öz döredijiligimiz, biz 22 ýyl mundan öñ, bir gije ýatyrkak,
kakasy bilen...
-Bolýa bolýa. Öz döredijiligiñizdigini subut edip bilýâñizmi? Delil
barmy? Bolmasa-da çe$mesini görkeziñ?
-ne delil, alyñ. Pasporty ýanymda...
-(Passporda seredip) Hmmm, tüweleme, dogrudanam özüñiz
döredipsiñiz...Haladym, döredijiligiñizde üstünlik!!
-Sag boluñ, minnetdar!
-Ogluñuzyñ Ertirdâki kári nâme?
-Betinden agza. ne hâ diýmân, Ertirçi agza bolar, 1-2 ýyl geçmãnkã-de
Ýa$uly agza bolar...
-Ogluñyzyñ aýlyk ortaça bally nãçerâk? Gyzymyzy hor etmez-á
berâýsegem? Entãk berjek bolýan ýok, ýöne $onda-da soraýyn diýdim...
-Sora dogan jan, dogrysyny edýâñ, oglumyzyñ házirlikçe 1600-e golaý
bally bar. Ýöne ýa$uly agza bolandan soñ bally hasam köpeler. Öz
ma$galasyna sereder ýaly bally bolar. Kynçylyk çeken ýerlerinde bizem
temalaryny, teswirlerini plýuslap bally köpelsin diýip goldaw bereris.
Nâme-de bolsa öz çagalarymyz-da...
-Hawa, goldawa bermeli bolar-la ýa$lara. Enták-entâk biz-â ony
gezdirmekçidik. ñ azyndan Ertirçi bolýança gezdirmekçidik...Házir ol
gytyndan agza. Betinden bolýança 114 ball gerekli.
-Aýal dogan, gyz magalany kán saklamagam-a gowy dàldir, özüñem
gowy bilýânsiñ...Hem-em soñ-soñlaram Ertirçi agza bolar-la, bizem
kömek ederis.
-Hawa, olam-a $eýle welin, biz öýdâki beýleki agzalar bilenem bir
Pikirlerde maslahat edeli. Galanam nâme, nesibedir-dâ...
-Wiiý, hawa-la, siz pikirleniñ. Oglumyz $eýle edepli, Ertir-de ýekeje
paýy$ sözem aýtmady. Haýsy agzadan sorasañyz soraýyñ.
-Aý, nesibe-dä..
-Bolýa onda aýal dogan, bizem indi turaly. Bu mowzugy halarsyñyz
diýip umyt edýâris!
-Hany göreli entãk, pylan diýip bolmaz! Bellisi bolmanka "Bizi gutlañ!
Guda bolduk!" diýip mowzuk açaýmañ ýöne!
-Bolýa onda, sag boluñ! Ho$ habaryñyzy ýetirip duruñ!
-Bolýa sag boluñ! ndi haçan gelmelidigiñizi $ahsydan ýazyp ugradarys.
1 hepde soñ...
-Aýal dogan, Salamâlik! Biz ýene gelendiris!
-Ho$ gelipsiñiz! Hawa, mowzugyñyzy haladyk, gyzymam, beýleki
agzalaram halady, plýuslady. Ýöne kãbir agzalar halaman minuslady,
sizi ýamanlady...
-Aý, ol minuslaýan görübilmeýâniñ biridir-dá! Ertir-de meñ oglum
sylanýa, açýan mowzuklary halanýa...
-Bor-la, bolýan zat. ndiki hepde ýene geliñ, hatyny berjek...$ahsydan
oklamaly, ýüzbe-ýüz gör$eli...
1 hepde soñ...
-Gyyw, biz ýene geldik...
-ne hat. Biziñ gyzymyzyñ hemme zady bar. Siz gyzymyzyñ hasabyna
7000$ salaýyñ. $eýlelik bilen, onyñ mowzuklaryny ömürboýy ba$
sahypa çykarmaga mümkinçiligi bolar...Birem gyzymyza Gold hasap
alyñ..
-Bää, bet hat ekeni, ''halamadym.'' 7000$ dollar köp dâlmi aýal dogan?
Mowzuklary 5 ýyl ba$ sahypa-da dursa-da bolarla. 1000 dinar salsak,
Gold hasap däl-de Silver hasap alsak bolmazmyka?
-Dinar näme-aý? Dollar salyñ, Gold hasap alyñ, gürrüñ gutardy...
-Bah, ýa$lar birek-biregiñ mowzuklaryny halasalar arzanrak bolaýjak
ýaly welin...
-$ondan arzan bolmaýar, 7000$-dan bir cent hem gaytmarys...
-Bolýa onda, biz-ä Jyrjak. Toý $aýyny tutuberelimi onda biz?
-Tutuberiñ. Ýöne toýa McM-i çagyrmañ..
-Wiý hä näme üçin?
-Köp iýýä. Nemetmäñ...
"1941-1945-DE ERTIR.COM"
Salawmaleýkim gadyrly agzalar. Mundan öñki mowzugym, Ertirçiniñ
Ertirçâ gudaçylyga baran wagty bolup biláýjek gürrüñler barada
fanaziýa-degi$me görnü$indedi. Bu günki mowzuk hem fantaziýadegi$me âheñinde. Eger-de 1941-1945-nji ýyllar-da, Beýik Watançylyk
ur$y döwründe internet bar bolsady we hâzirki agzalar $ol wagt hem
Ertir-e agza bolsalar nâhili mowzuk açarlardy? Hâzirki döwürde
açylÿan mowzuklary göz öñünde tutyp, 1941-1945-nji ýyllarda
Ertirçileriñ açaýjak mowzuklaryny ýazmakçy. Mowzuk-da kâbir
agzalaryñ atlaryny agzap geçsem, gaty görâýerlermikâ diýip pikir etdim.
Soñ, aý kemsidiji erbet zat ýazamoga, dü$ünerler-le, bolmasa adymy
aýyr diýseler aýyraýaryn diýdim. Hany onda, ba$lalyñ:
Mowzuk ady: Germaniýa bize çozupdyr diýýárler-agajanh.tarapyndan,
tázelikler bölümine, 22-nji iýun 1941 (07:03)de ýazyldy.
Agza(1) teswiri: Goýsañyzlañ-ow, ýalan gürrüñ. Beýdip ýalan gürrüñler
bilen halky howsala salmañ.
Agza(2) teswiri: @agza (1), saña go$ulýan. ki ýyl mundan öñ, 1939-da
Stalin bilen Gitler birek-birege çozmazlyk barada $ertnama gol çekdiler
ahyryn. Ýalan gürrüñ bolmaly.
@agajann-yñ teswiri: Aý, hala ynanyñ, hala ynanmañ, özi i$iñiz. Men
radio-dan e$iden zadymy aýdýan...
Mowzuk ady: Uru$ turupdyr agzalar, e$itdiñizmi? -bad_wolf
tarapyndan, tázelikler bölümine, 22-nji iýun 1941 (12:09)da ýazyldy.
Agza teswiri: Háli ir bilenem açyldy $u mowzuk. Biziñ-ä radiomyz
bolmansoñ e$itmedik. Ýöne woenniýkomat-da i$leýân dost oglanymy
gyssagly çagyrypdyrlar. Ugrunda bar bolmagam mümkin.
Mowzuk ady: Ertir ur$a gidýân. Sag bol Türkmen ilim, sag bol
Ertir.com, sag boluñ agzalar- anonim agza tarapyndan, syýahat
bölümine, 22-nji iýun, 1941 (22:41)de ýazyldy
Mowzuk ady: Ertir ur$a gitjek agzalar wokzal-da du$u$alyñ, bilerâk
gideliñ -anonim agza tarapyndan, 22-nji iýun, 1941 (23:56)da ýazyldy.
Mowzuk ady: Nälet siñen uru$ (go$gy) -nowça agza tarapyndan,
edebiýat bölùmine, 23-nji iýun, 1941 (09:42) de ýazyldy.
Mowzuk ady: Moskwa-nyñ etegindãki gorany$da Ertir-den agza
barmy? - anonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine, 16njy sentýabr, 1941 (09:43)de ýazyldy.
Agza teswiri: Men Sewastopol-da dost, ýoluñ dü$se biziñ rotamyza-da
aýlan
Mowzuk ady: Tüpeñ saýlamak barada esgerlere maslahat - McM
tarapyndan, söhbetde$likler bölümine, 12-nji oktýabr, 1941 (10:31) de
ýazyldy.(Oglan saýlamak barada gyzlara maslahat)
Mowzuk ady: Nemes öldürmek sogapmy?- Türkmen medrese
tarapyndan, Dini ynançlar bölümine, 17-nji oktýabr, 1941(11:51) de
ýazyldy
Mowzuk ady: Nemesler Moskwa-nyñ eteginde yza serpikdirildi-anonim
agza tarapyndan, Täzelikler bölümine, 8-nji noýabr, 1941 (13:21)de
ýazyldy
Mowzuk ady: Okop gazjaklara peýdaly maslahatlar -anonim
agza.tarapyndan, Gyzykly maglumatlar bölümine, 12-nji dekabr,
1941(07:22)de ýazyldy
Mowzuk ady: Uru$dan gelen hat (go$gy) -anonim agza
tarapyndan,edebiýat bölümine, 30-njy dekabr, 1941 (14:44) de ýazyldy.
Mowzuk ady: Patrula çykan wagtymyz iki sany nemesi ýesir aldyk (3D
suratly) -anonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine, 11-
nji ýanwar, 1942 (03:53)de ýazyldy
Mowzuk ady: Ýeke özüñ okopda bolmak -McM tarapyndan, umumy
gürrüñde$lik bölümine, 1-nji fewral, 1942 (04:55) ýazyldy. (Ýeke özüñ
öýde bolmak)
Mowzuk ady: Belarussiýa-nyñ tokaýlary barada maglumat -Baý.men
tarapyndan, Gyzykly maglumatlar bölümine, 12-nji mart,1942
(18:09)da ýazyldy
Mowzuk ady: @General Jukow agza, doglan güniñ gutly bolsunanonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñdelik bölümine, 16-njy aprel,
1942(05:35) de ýazyldy
Mowzuk ady: Söýgülisini ur$a ugradan gyzyñ nalasy (bolan waka) nowça tarapyndan, Söhbetdelikler bölümine, 26-njy maý,1942(01:37)de
ýazyldy
Mowzuk ady: Stalingrad-daky agzalar, nemesler çozmanka du$u$aýsak
nâdýâ? -anonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñdelik bölümine, 23-nji
iýun, 1942( 09:22)de ýazyldy
Mowzuk ady: Tañka granat zyñjaklara peýdaly maslahatlar -Sungaty
öwreniji tarapyndan, Gyzykly maglumatlar bölümine, 12-nji
iýul,1942(11:03) de ýazyldy
Mowzuk ady: Aýagyma ok degdi, sanitaram ýaralanypdyr lukman
agzalar, oky nâdip çykarmaly gaýrat ediñ. Kömek edene ýùrejik anonim agza tarapyndan, Kömek gerek bölümine, 29-njy iýul, 1942
(11:45) de ýazyldy
Mowzuk ady: Front-da masgara bolmak -McM tarapyndan, Degi$me
bölümine, 1-nji awgust, 1942 (11:11) de ýazyldy. (Toýda masgara
bolmak)
Mowzuk ady: 1 dezertira, ur$dan gaçany üçin atuw berildi-anonim agza
tarapyndan, Tâzelikler bölümine, 9-njy awgust,1942 (07:34) de ýazyldy
Mowzuk ady: Öli nemesiñ ädigini geýmek günâmi? -Türkmen medrese
tarapyndan, Dini ynançlar bölümine, 15-nji awgust, 1942 (11:24)de
ýazyldy
Mowzuk ady: Pulemýodumyñ oky gutardy, kimde artykmaç ok bar
bolsa berseñizlâñ - anonim agza tarapyndan, Kömek gerek bölümine,
17-nji awgust,1942(06:09)da ýazyldy
Agza teswiri: Bolýa dost, rassiýadan koordinatalaryñy aýt, házir
özümkini berip gaýdaryn
Mowzuk ady: Salam Ertirçiler. Menem fronta táze geldim. Menem
arañyza go$arsyñyz diýip umyt edýãn
Agza (1) teswiri: Ho$ gelipsiñ. Al awtomadyñy, geç okoba
Agza (2) teswiri: Köne möjege meñzeýâñ sen. Öñem frontda ýaralanyp
gospital-dan bárik táze hyjuw bilen geldiñmi ýa?
Mowzuk ady: Gizlenip ok atýan nemes sniper$igi, 1 minut gelsene
bárik - McM tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine, 22-nji
sentýabr,1942( 10:42) de ýazyldy. (Minus berýân agza, 1 minut gelsene
bârik)
Mowzuk ady: Stalingrad-da öldiren nemeslerimiz +18 (Ýüregi
gow$aklara seretmek bolmaýar) - anonim agza tarapyndan, Gyzykly
maglumatlar bölümine, 12-nji ýanwar, 1943 (09:06) da ýazyldy
Mowzuk ady: Tañk-dan ba$y çykýan agzalar, Kursk-da tañkymyñ
zynjyry sypdy, nãme etmeli? -anonim agza tarapyndan, Kömek
bölümine, 11-nji iýul, 1943 (15:11) de ýazyldy
Agza (1) teswiri: Meñ tañkymyñam benzini gutardy, haladym
Agza (2) teswiri: @agza (1), muñ nâmesini haladyñ, tañkynyñ zynjyry
sypypdyr diýýá.
Mowzuk ady: Tyl-da bolan waka- anonim tarapyndan, Söhbetde$likler
bölümine, 17-nji awgust, 1943 (22:41)de ýazyldy
Mowzuk ady: @Stalin agza, doglan günüñ gutly bolsun - anonim agza
tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine, 21-nji awgust, 1943
(21:20) de ýazyldy
Mowzuk ady: Tany$ partizanyñyz barmy agzalar? -anonim agza
tarapyndan, Kömek gerek bölümine, 22-nji sentýabr, 1943-de ýazyldy
Mowzuk ady: Rassiýañyza wirus girse nädip arassalamaly? (Peýdaly
maslahatlar) - panic agza tarapyndan,Online sapaklar bölümine, 1-nji
oktýabr, 1943 (16:48) de ýazyldy
Mowzuk ady: Nemes Reperiniñ dissine jogap -Reper tarapyndan,
umumy gürrüñde$lik bölümine, 11-nji oktýabr 1943 (20:06) da ýazyldy
Mowzuk ady: Ur$dan ýaralanyp gelen ýigidiñ täsin ba$dan geçirmeleri
(bolan waka) -anonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik
bölümine, 09-noýabr, 1943 (17:01) de ýazyldy
Mowzuk ady: Mina gömjekler üçin peýdaly maslahatlar (Nädip nemes
tañkyny ýarmaly) - Sungaty öwreniji tarapyndan, Gyzykly maglumatlar
bölümine, 19-njy noýabr, 1943 (18;39)da ýazyldy
Mowzuk ady: Okopdakañ ur$dan gaçmak barada pikirlenmek -McM
tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine, 7-nji dekabr, 1943
(23:47)de ýazyldy (Ýetginjekkãñ öýden gaçmak barada pikirlenmek)
Mowzuk ady: Täsin galaýmaly awtomatlar -Baý.men
tarapyndan,Gyzykly maglumatlar bölümine, 1-nji ýanwar, 1944 (12:03)
de ýazyldy
Mowzuk ady: Uru$ diýen elhenç zat (Öz döreden go$gym) -Friendship
tarapyndan, edebiýat bölümine, 23-nji fewral, 1944 (09:08) de ýazyldy
Mowzuk ady: Tokaýdaky Bereza agaçlarynyñ saglyga peýdasy Sungaty öwreniji tarapyndan, Gyzykly maglumatlar bölümine, 1-nji
mart, 1944 (19:05)de ýazyldy
Mowzuk ady: Frontdan zenanlara 8-nji mart gutlag haty -anonim agza
tarapyndan, edebiýat bölümine, 8-nji mart, 1944(08:08) de ýazyldy
Mowzuk ady: Agzalar, bu$luk, uru$ gutardy - anonim agza tarapyndan,
Täzelikler bölümine, 1-nji aprel, 1944 (11:54) de ýazyldy
Agza (1) teswiri: Ýok, gutaranoga entäk
Agza (2) teswiri:@agza (1) e$$i bolduñ, bu gün 1-nji aprel
Mowzuk ady: Konsslager-de nemesler wi-fi-i kesipdirler öýdýãn, Ertir-e
girip bilemok - anonim agza tarapyndan, Söhbetde$lik bölümine, 22-nji
maý, 1944 (06:19) da ýazyldy
Mowzuk ady: Casablanca diýip täze kino çykypdyr göreniñiz barmy
arañyzda? -anonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine, 5nji iýun, 1944 (23:45) de ýazyldy
Mowzuk ady: Nemesleri ýeñeris - anonim agza tarapyndan, Edebiýat
bölümine, 22-nji iýýul, 1944 (11:55) de ýazyldy
Mowzuk ady: Futbol-da nemesleri ýeñdik - anonim agza tarapyndan,
Sport bölümine, 11-nji oktýabr, 1944 (18:35) de ýazyldy
Agza (1) teswiri: Nemesler dogrudanam top oýnap bilenok.
Agza(2) teswiri: @agza(1), dogry aýdýañ, bulardan hiç zadam bolmaz.
Mowzuk ady: Uraaa, Gitler ölüpdir, Berlini 10 günde alarys -anonim
agza tarapyndan, Täzelikler bölümine, 1-nji maý, 1945 (05:17) de
ýazyldy.
Mowzuk ady: Berlini aldyk, ertir öýe gaýdýarys, palaw iýeris hezil edip
- anonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine, 9-njy maý,
1945 (23:59) da ýazyldy
Mowzuk ady: Kim nirede, näçenji ýyllarda, haýsy rotada ur$a
gatna$dy? -anonim agza tarapyndan, Umumy gürrüñde$lik bölümine,
10-njy iýun, 1945 (01:11) de ýazyldy
Agza (1) teswiri: McM nirede ur$a gatna$dyka?
Agza (2) teswiri: @agza (1), Sen näme,e$itmediñmi? ñ soñky temasy "
Soñky demiñde halaýan gyzyña go$gy ýazmak."
Agza(1) teswiri: Ýok, görmedim, näme bolupdyr?
Agza (2) teswiri: Wepat bolupdyr...
"ÇYRMA$YK"
Onuñ bilen, 7-nji klasy gutaryp, 8-e geçenimde tany$dym. 8-nji
klasdakak, biziñ klasymyza ba$ga mekdepden bir gyz gelipdi. Men iñ
yzdaky partada ýeke özüm oturamsoñ, ol gyz meniñ ýanymda oturmaly
bolupdy. Hiçkimi tanamansoñ, hiçkim bilen gürle$meýârdi. rden okuwa
gelerdi, okuw gutaransoñam ýeke özi çykyp giderdi. Öz ýanymdan gyza
ýüregim awaýardy, göwnüni açaýyn diýip etmedik zadym galmaýardy.
Ol bolsa, juda gerekli bir zat bolmasa gürle$enokdy. Ol wagtlar klasda
nas atýan oglanlar bardy, degi$ip,"Nâme senem nas atýañmy? Hiç
gürlãñok-la" diýipdim. Ýene hiç zat diýmedi, ýöne " Samsyk
degi$meleriñi bes et indi, lineýka bilen burnyña urup ça$yryn" diýýãn
ýaly seredipdi. Mysal üçin, " Nâçe dogan siz?" diýip sorapdym. Hiç zat
diýmedi. "Saña nâme" diýse-de begenjekdim, sebâbi beýle diýse
dawala$aýamagymyz hem ahmaldy,$eýlelik bilen dawa-da bolsa
gürle$mâge-de bahana tapyljakdy. Ol bolsa barmaklary bilen "4" diýdi.
Ol çep eli bilen ýazýardy, men bolsa sag elim bilen ýazýardym. Bir gün,
ýazyp otyrkak tirsegim tirsegine degipdi. Aslyýetinde, meñ özüm
bilge$leýin degiripdim. Gürlârmikâ diýip, eýesiniñ elindãki süñke
seredýân Alabaý ýaly bolup ýüzine seretdim. Gürledi. " Eliñi çek
azajyk" diýip py$yrdady. Çekmedim. Ýene bir gün, yazmasagam
tirsegimi tirsegine degirdim. Nâmâñ-nâmedigine dü$ünmân, geñirgenip
ýüzime seretdi. Ýüzimi alarmyka diýip gorkdym. Hiç zat diýmãn,
utanyp elini süý$irdi, çalaja-da ýylgyrdy. ndi özümi dünýãniñ iñ bagtly
oglany duýýardym, göz öñüñe getir gadyrdan agza, gürledip bilmeýân
halyma, ony ýylgyrdypdym. $ol wagt, bu gyzyñ ýüregimde uçgun
döredendigini bilip galdym. Wagt geçdi, gyz klasdakylar bilen
öwreni$ip ba$lady. Meñ bilenem öwren$ipdi, indi gürleýárdi, hatda
meñ ýanymdaka dymanokdy diýseñem boljakdy. Hezil edip
gülü$ýârdik,gülmekden gözine ýa$ aýlanýardy, "Boldy et indi,
güldürme" diýýárdi, men bolsa onuñ gül$ini halaýardym, hemme wagt
gülmegini isleýârdim. Eýýâm gyzyñ biziñ mekdebimize gelenine 1 aý
bolupdy, bir gün iñ soñky sapakda kitabynyñ arasyna hat goýdum. ñ
soñky sapakda goýmagymyñ sebãbem, eger gaharlanaýsa ýa-da "ýok"
diýaýse, iñ soñky sapak bolanlygy sebâpli derrew öýe gaçyp biljekdim.
Haty gördi, ba$yny okady. Soñam hiç zat diýmãn sumkasyna saldy. Bu
gowy habar bolmalydy, sebãbi islemese haty ýyrtyp zyñyp bilerdi.
Sapak gutardy, gürlemãn çykyp gitdi. Edil $ol wagt, meñ üçinem
gürlemãni gowudy. Ana $eýdip, biz söýgüli bolduk. ndi sapakda biribirimize hasam ýakyndyk. Biri-birimizi görmesek oñup bilmejek
ýalydyk. Dynç günlerini ikimizem halamzokdyk, sebãbi dynç günleri
bize du$mandy. Da$aryda-da gör$üp bolanok, 3 sany agasy bardy. Gyz,
tutulaýmaly, hemem entãk mekdepde görü$segem bolýa diýensoñ, etjek
alajym ýokdy. Okuwdan soñam günde 2-3 sagat telefonda gürle$ýârdik.
Bir gün, gürle$ip bolanymyzdan soñ trubkany goýmanka " Bir zady-ha
ýatdan çykardyñ" diýdim. Pikirlendi, "Nâmãni ýatdan çykardym,
bilmedim-dâ" diýdi. Menem suwjaryp " Seni söýýãn diýmañi" diýdim.
10 sekuntlap dymdy, trubkada diñe dem al$y e$idilýãrdi. " lki sen diý"
diýdi. Diýip bilmedim. Ol wagtlar "Seni söýýárin" diýmek kyn zatdy. "
Onda nãme üçin maña diýdirjek bolýañ? Özüñem-ä diýip bileñok, ýa-da
meni söýeñokmy?" diýdi. Ýene dymdym, ba$ga wagt meni dymdyryp
bilenokdy. " Bolýa onda, trubkany goýýan men" diýdi. "Goýma"
diýdim. Bu gezegem ol meniñ dem al$ymy diñleýârdi. Zordan " Seni
söýýârin" diýip trubkany goýdum, ýöne çyn ýüregim bilen diýipdim.
Ertesi güni, sapakdakak depderiñ sahypasyna hat ýazyp maña görkezdi.
"Menem seni söýârin. Maña söýmegi we söýülmegi sen öwretdiñ."
Señ bilen iñ soñky du$u$ygymyz, meñ gowy görýân
naharhanamyzdady. Ýene hemi$eki ýerimizde, api$gãñ gyrasynda
otyrdyk. Men ýene ikimize-de palaw zakaz edipdim. Sen bolsa, ençeme
ýyllar soñ, ýene gürlemãn otyrdyñ. Barmagyñ bilen stoly ýuwa$ja
tykyrdadyp gözüñi bir nokada dikýârdiñ. Ýaglygyñ gyrasyndan
görünýãn saçlaryñ, çalaja açyk âpi$geden giren $emala galgaýardy.
Soñky bolan wakalar, ikimiziñ hem keýpimizi lapy keç edipdi. Gözüm,
barmagyñdaky fason ýüzüge kakly$dy. " Ýüzigi tâze aldyñmy?"
diýdim. Jogap bermediñ. ndi hemme zat ahyrlanypdy. " Ýör gideli"
diýip ýerimden turmakçy boldum. Turan wagtym elim stakana degip
ýere gaçdy, döwüldi. ne hâzirem, $ol naharhana-da, hemi$eki
ýerimizde, âpi$gãñ gyrasynda otyryn. Ýene palaw zakaz etdim. Bu
gezek sen ýok, suduryñ bar. Suduryñam edil sen ýaly, barmagy bilen
ýuwa$ja stoly tykyrdadýar. O-da gözüni bir nokada dikip otyr. Suduryñ
ýaglygynyñ gyrasyndan görünýân saçlary, çalaja açyk äpi$geden girýãn
$emala galgaýar. Suduryñ, öñkisinden azajyk üýtgãpdir. O-da maña
üýtgãpsiñ diýdi. Nãtjek-da, wagt geçýâr. Gözüm, señ suduryñ eliñdãki
nika ýüzügine kakly$ýar. " Toý etdiñmi?" diýip soraýaryn. Suduryñam
edil sen ýaly, jogap berenok, dymýar. " Ýörindi turaly" diýip turmakçy
bolýaryn. Turan wagtym elim stakana degýár, ýere gaçyp döwülýâr. Señ
suduryñ, gözden ýitirim bolmanka py$yrdaýar: "Menem seni söýýârin.
Maña söýmegi we söýülmegi sen öwretdiñ"
McM, sen, köküni uran agaç. Gu$lar, bahar paslynda señ $ahalayña
gondylar, jürkülde$ip oýnadylar. Sen bolsa ol gu$lary öz ýapraklaryñ
bilen bela-beterden goradyñ. $ahalaryñda oýnamaklaryna rugsat berdiñ.
Gy$ paslynda ýapraklaryñ saraldy, gaýyp ýere dü$di. Ol gu$laryñ
hemmesi $ahalaryñdan uçup gitdiler. Bir gu$, gy$am bolsa señ
$ahalaryñdan gitmejek bolup kãn dyrja$dy. Sen bolsa " gy$da ü$ãrsiñ"
diýip zor bilen ugratdyñ. Ol gu$ hemme zady razydy, aglap-eñrãp uçyp
gitdi. ndi özüñe gy$yn-ýazyn seniñ ýanyñda bolaýjak, göwrãñi gujaklap
sypdyrmaz ÿaly " Çyrma$yk" tapmaly bolarsyñ. Señem güniñ kyn.
Bellik: Soñky abzas-da, agaja gonan gu$laryñ ýeke-ýeke uçup
gidendigini, indi bolsa agajy gujaklap sypdyrmaý$y ýaly, agajyñam
ondanaýrylmaý$y ýaly Çyrma$yk diýdim. Gowy manyda ulandym.
"GÖRME-GÖR$E GITMEK"
Bu waka, 2 ýyl mundan öñ bolupdy. Bir gün, dost oglanlañ biri öýe
geldi, toý etjek bolýardy. Gyz bilen ilkinji gezek görü$mâge
gitjekmi$in. Gidere ba$ga adam tapman meñ ýanyma gelipdir, "McM,
ertir bile gidelile, gyzyñ ýanyndaky jorasynam sen güýmârsiñ" diýdi.
Men $unça gitmejek bolsamam, ahyr yrdy ýerçeken, bolýa diýdim.
Seýilgâhde du$u$maly diýýã. " Du$u$maga ba$ga ýer tapmadyñmy,
e$ek ýaly bolup skameýkada oturyp gürrüñ etmelimi? " diýsem, " Hawa
tapmadym" diýýâ, "Dagy nirede du$u$aly, hem arassa howa"
diýýã.Erteki gün seýilgãhde du$u$mak üçin dil düwü$dik. Erteki gün ir
bilen turyp taýynlanyp ugradym, jigim meni görüp nirâ gitjegimi
sorady. Menem seýilgãhde i$im bar, oglanlañ biri bilen du$u$maly,
diýdim. Bu-da ýañy-ýakynda prawa alansoñ, ma$yn sürmâge höwesek,
"Men oklaýyn seni" diýdi. "Bolýa, men a$ak dü$jek, sen derrew geýinip
gel" diýip öýden çykdym. $imiñ $owly bolmajagyny, da$ary çykan
wagtym añdym.... Da$aryda goñ$ymyñ 3 ýa$ap gelýân ogly, podýezdiñ
öñünde otyr, ýerde hemem. Beýlerãkde-de kakasy köçeden geçip barýan
biri bilen gürle$ip dur. Jigimiñ gelerine gara$yp birazajyk $atlyk bilen
oýnaýyn diýip $atlygyñ deñine gelip çommaldym. Men çagalary gowy
görýârin aslyýetinde, ýöne meni hiçbir çaga söýenok. Meni gören çaga
aglap ba$laýar, men dü$medim muña. Diñe 3 ýa$yna golaýlap barýan
$atlyk meni gowy görýâr.
-Eýý, aaaat, nâme edýãñeý bârde smile))
-Dittiii...Dittiii (Barmajygy bilen gaçyp barýan garynjany görkezýâr)
-Hawa gitdi, eý $atlyk, garynjany iýmeli dâlow, ta$la eliñdãki
garynjany. Garynja iýmek bolmaýa, garynja seni iýmeli...
-McM çmoooo, McM çmooo, hihihihi
-Nâme? Nâme diýdiñ sen?
-McM çmooo smile))))
-Eýý kim öwredýá saña beýle sözleri hâ? Kakañmy? Kaka
samsyk....Garynja iýilenok.
-McM beee$ smile)) McM be$ smile)))
-Eý sen kime bes diýâñow? Hâ? Kime diýýãñ? Kim öwredýâ saña bu
sözleri? Kaka iýilýâ. E$ek e$ekden galsa pyçakla...Garynja
iýilenok...Garynja kyyyhhhh... (Gahardan náme diýýânimi bilmân
samsyklap ugradym)
Jigim gelip bizi aralady, ýogsa $atlyk bilen ur$aýmagymyz hem
ahmaldy.
Soñ, jigim rula geçdi, seýilgãhe tarap ýola rowana bolduk. Ýolda
barýarkak, swetaforda iñ öñde durdyk. Jigim swetafora seredip dur,
ýa$yl ýandy ugramakçy boldy, edil ol wagtam bir pyýada ma$ynyñ
öñünden hasyrdap geçjek boldy. Jigimem gaharlandy. Geñ galaýmaly,
adaty ýagdaýda, jigim ýuwa$, sypaýyçylykly oglan. Men ma$yndakam
$ofer-terrorist bolýan. Gyzylda geçene-de sögýãn, ýa$ylda geçene-de.
Ýöne bu gezek asudalyk bilen, jigime "Borlaý, dowam et" diýdim.
Jigim bolsa aýnany a$ak ýatyryp swetafory görkezip "Tetýaa, çiioo
slepaýa çto li" diýip gygyrdy. Men "Señ gözüñ kör bolaýmasynow,
göreñokmy daýza däl ol, ýa$ula daýza diýýáñ" diýdim. Dogrudanam,
jigimiñ daýza diýýãni ors ýa$uly ekeni. Jigim, swetafora seredip ünsem
beren dâldir-dã. Ors ýa$uly hüñürdenip geçip gitdi. Aslyýetinde, temañ
azajyk da$yna çykyp, jigim barada aýratyn skobka açaýynla. Gyzyklyja
oglan, kãn üns berenok edýân i$ine. ne $u ýa$ula daýza diý$i ýaly-da.
Hany ba$lalyñ onda. Bir gezek, jigim bilen awtobusa mündik. Biz
münenimizde awtobus bo$rakdy, ýer tapyp oturdyk. Awtobus ýolagçy
alýa her duralgada,ýolagçy köpelip ba$lady. Howa-da yssy, zordan dem
alynýa. Soña-baka awtobus hyryn-dykyn doldy. (Oturar ýaly ýerâ
beýlede dursyn, aýakda durara ýer ýok, hatda $oferyñ sideniýasyna-da
bir daýza oturypdyr, $ofer dik duryp sürýá awtobusy, hehehe. ) $ol
wagt, yzymyzda oturan bir gyz, jigime " aý oglan, oko$kany açsana,
$emal gelsin" diýdi. Jigimem ýerinden turyp oko$kany açjak boldy,
nâçe synany$sa-da oturan ýerindãki oko$kany açyp bilmedi. Açyp
bilmâni üçin masgara bolanyndanmy ýa gyzyñ muña oko$ka aç diýip
berk tab$yryk berenindenmi bilemok, aljyrap öñde oturan ýa$ulyñ
egnine kakyp "Dooos,oko$kany açsana" diýdi. "Dost" diýýãnem, 80
ýa$ynda dagy bardyr.Ýa$uly yzyna öwrülip $eýle bir seretdi welin,
jigim utandy, sesi inçeldi "Bagy$lañ ýa$uly" diýdi. Jigimiñ $ol wagtky
duýgysyny, Friendship,EMERALD LADY, bolup biler, Mazalyja
agzalar üý$üp, bir kelle bolup "Masgara bolmak" diýip go$gy
ýazsalaram, wasp edip bilmezlerdi. lkä çum-gyzyl boldy, soña garaldy,
soñ ýa$yl öwüsýân ýaly boldy, iñ soñunda-da, çalardy. Awtobus-dan
çalaryp dü$di. Men bolsa öýe gelýãnçäk güldim. Bir gezegem,kakam,
ejem, men, jigim serial görüp otyrdyk. Men-ä dogrymy aýtsam,
göremokdym, ýöne olar görensoñ otyryn menem. Kakam bilen men bir
diwanda, ejem bilen jigimem beýleki diwanda görýârler. Serialyñ iiiiñ
gyzykly ýeri gelen wagty, kakam ejeme "1 stakan suw bilen derman
bersene,kellãm agyrýa" diýdi. Ejemem zoooordan turyp derman bilen
suw almaga gitdi, ýöne gidip barýarka-da gözüni telewizordan
aýyranok, kellesini gy$ardyp henizem telewizora seredýâr. Ejem geldi,
bir elinde stakan, bir elinde derman. Dermany kakama bermeli welin, ol
gelip turanja ýerine oturdy, serialyñ gyzykly ýeri bolansoñ seretmãnjik
stakanam, dermanam jigime berdi. Jigimem hezil edip serial görýã, elini
uzadyp stakany we dermany aldy, ejemiñ kakama diýip getiren
dermanyny suw bilen içdi. Men seriala gyzykmamsoñ, bar bolup duran
zatlary görüp otyryn. Men aýdamsoñ " Hä, dogry, kakama berjegime
menýiçipdirin" diýýâ. Ana $eýle, skobkany ýapyp tema geçäýeliñ indi.
Seýilgãhe bardym, gyzlar bizden öñ gelip gara$ypdyrlar, gyz bilen
görü$jek dost oglanymam menden 5 minut ýaly öñ gelipdir. Gyzlar
nâgile, ýanyndaky jorasy "lkinji du$u$ykda $eýle gara$dyrýan bolsa,
nâbileýindääää" diýýä. Aslyýerinde biz wagtynda bardyk, olar ir
barypdyr. Dost oglan bilen gyz, ýörãp gitdiler meni jorasy bilen ýeke
ta$lap. Ada-da ýeke galan Robinson Crusoe ýaly duýýardym özümi.
Gyzlar bilen gürle$emde añsat gürle$ýãn, hökman gürle$ere tema
tapýaryn. Ýöne gyzyñ jorasy bilen hiçhili gürle$ip bolanok. Her zat
diýip görýân, bolanok. Ýüzini tur$ardyp otyr. Meñ dü$ünmeýãn zadym,
ikimiz toý etmeli däl-ä. Nâme maña nâz-kere$me edýäñ? Soragyña
jogap berenok, berse-de zooordan py$yrdap jogap berýâr, özem e$idýãn
dãldir nãme diýãnini. Gürlâre tema tapamok, nâme Barcelonañ
sistemasyny aýdyp bereýinmi, ýa Real-iñ düzümini sanaýynmy
Cassillias, Coentrao, Pepe,Ramos diýip. ñ soñunda maýmynlar barada
gürrüñ açdym agza jan, nádeýin:
-Maýmynlar...
-???
-Maýmynlar diýýâân... Maýmynlarymyz... Maýmynlaryñyz...Olaryñ
maýmynlary...
-??
-Ýeni$ dü$üm -Maýmynlarymyzy... Wagt-orun düümMaýmynlarymyzda...
Garaz, gepimizem aly$mady, jynymyzam. Hondan bâri bolup gürlemãn
otyrdy. Soña-baka menem gürlemedim. $ol gyzyñ ýanynda otyrkam,
seýilgãhde aýlanyp ýören gyzlara lak atdym. Muña gyzyñ hasam gahary
geldi. Lak atan gyzlarym maña ýüz bermedi. Dostum gelýânçâ lal bolup
oturdym. Gelensoñam, dostumyñ gyzy bilen sagbolla$dym diñe.
Gaýtdyk.
Ol gyz bilen dostumyñam birek-biregi sulhy almandyr, bolmady
olañkam. Soñ gowy gyza öýlendi tüweleme.
"ÝEKÄNIÑ SÖÝGÜLISI, ÝEKELIGI"
Diwanyñ ujuna eñegimi goýup da$aryny synlaýaryn....Da$ary gumguklyk. Örân garañky. Tüweleý, agaçlaryñ ýapraklaryny ýatmaga
goýanok. Ãpi$geden içeri çalarak $emal öwüsýâ, ü$ãp ba$laýaryn, inim
tikenekleýâr. Diñe ýapraklañ $ygyrdysy e$idilýâr, ýer ýüzünde ba$ga
gymyldy ýok ýaly. Birden-kä, köçä çykmagy ýüregime düwýârin.
Dañdan sagat 04:00. ndi, köw$ümiñ takyrdysy, gijâniñ dym-dyrslygyny
de$ip geçýâr. Köçã çykyp öz öýümizi synlaýaryn. Api$gãñ öñünde
oturan "özümi" görýärin. Diwanyñ ujyna eñegini goýup, da$aryny
synlaýar. Bimaza bolýaryn. Belki-de köçede açyk dükan, gezip ýören
adamlar bardyr diýen tama bilen köçede ýöremekçi bolýaryn.
Gitmânkãm ýene öýümiñ ãpi$gesine seredýârin. "Özümi" görýârin.
Tâsin, maña seredenok indi. A$aky köçeden Nury neressãñ aýdymynyñ
sesi e$idilýãr:
-Bu dünýãñ çekmeli derdi baaaar
-Señ ýoluñy gözýa döküp yzladyymmm...
ñ gowy görýãn aýdymlarymyñ biri. Aýdymyñ sesini yzarlap a$aky köçâ
barýaryn. Köçe, gap-garañky. Hamana, töweregimde ruhlar maña
degmänji tans edýârler. Birden-kâ aýdymyñ sesi diñýâr. Ba$ga bir ses
e$idilýâr, çep tarapymda biri bar. Garryja bir ýa$uly ýoluñ gyrasynda
otyr. Kellesini elleriniñ arasyna goýup, öñe-yza yranýar. Men ony nãdip
görmãndirin? ñleýãn ýaly ses edýãr. Aglaýarmy ýa gülýârmi,
dü$ünemok. Biri-birimize gözümiz kakly$masyn diýip dileg edýárin.
Ýuwa$ja kellesini ýokaryk galdyrýar. Hudaý janym!!! Gözleri
hanalaryndan çykypdyr! Manysyz maña seredýár. Gözleri hanasyndan
çykanam bolsa, görýân ýaly seredýâr. Ýylgyryp, gyzyl barmaklaryny
uzadyp " yzyña seret" diýýár. Ýene inim tikenekleýár. Yuwa$ja yzyma
seredýârin. Kiçijek mazgarabaz görýârin. çýakgyç gülkisi bilen
töweregimde a$yr atýar we hüñürdeýâr "Ýekãniñ söýgülisi, ýekeligi"
Masgarabaz haçan gelipdi? Nãdip görmedim ony? " Ýekãniñ söýgülisi,
ýekeligi" nâme diýmek bolýar?" Òýe gaýdasym gelýâr, ýörâp bilemok,
aýaklarym ysanok. Hamana ýer ýüzünde diñe üçimiz bar ýaly: ýa$uly,
içýakgyç masgarabaz we men. Öýüm alysdamy? Gara-der bolup
oýandym.
Mekdepde bile okan bir oglanym jañ etdi, McM, ertir i$iñ ýok bolsa
du$u$aly, nâçe wagt bâri görü$emzok, pylany, pylany dagam
bar,söýgülilerimiz hem gelýár, tany$arsyñ olar bilenem" diýdi. Bu
oglanlar bilenem kãn gatna$amok men, $onda-da göwnemãnrãgem
bolsa, bolýa diýdim. Düýn gijeki düý$ümiñ tâsirindenmi bilemok, irden
keýpsiz turdum. Du$a girdim, taýynlyk görmage ba$ladym. Saçaga
oturmankam, kakam azajygam bolsa keýpimi göterdi:
-McM, hany $uny ors kanala geçirsene, menã geçirip bilmedim muny..
-Kaka, eliñdãki pult dâlâ. Tetris...
-Aý nâtdiñãý, menem muña basyp otyryn. Meýlis oýnap diwanyñ
üstinde goýupdyr öýdýãn. Oýaly-ukuly bolamsoñ nemedâ...Hany çaý
gaýnamadymy? (Ünsi baga tarapa sowjak bolup ejeme gygyrýar. Çaý
bolsa saçakda demlenip dur).
Çaý-çörekden soñ geýinip du$u$maly kafemize gitdim. Barsam,
oglanlar gelipdirler, hem-de söýgülileri bilen gelipdirler. Gyzlar
bilenem tany$dyk, oturdym. Gadyrdan agza, bilýãnsiñ, söýgüliler bilen
du$u$an wagtyñ, señem ýanyñda söýgùliñ bolmasa özüñi artykmaç
(liçnyý) duýýarsyñ, menem $eýle duýdym. Gyzlar bolansoñ, nãme
gürrüñ etjegiñem bilip bolanok ol ýagdaýda, stakana seredip oturansyñ.
Ondan-mundan gürrüñ edi$en bolup otyrys. Soñ, gürrüñ gybata geçdi.
Jañ edip meni du$u$yga çagyran oglan, 24 ýa$yna ýetip zooordaaan
söýgüli edinipdir, $onda-da söýgülisi ýok oglanlary ýazgarýar. "Aý,
Myrat bu dü$ünjesi bilen gyz tapmaz, aý, ejesiniñ bu betligi bilen
Gurbana hiç gyzam barmaz, pylany i$lese-de aýlygy ma$galasyny
eklemãge ýetmez...".
Oglany tanamasam, "Bâh, gaty akylly, ugurtapyjy, hemi$e ma$galasy
barada pikir edýân oglan" diýerdim welin, oglany tanaýan-da. Okuwy
gutarýança ma$galasyna i$ boldy, 24 ýa$aýança eli gyz eline degmedi.
24 ýa$ynda garynda$larynyñ gyzy bilen tany$dyrypdyrlar, indi hondan
bâri bolup iliñ durmu$yna at dakýar. (Ertirde-de bardyrlaý $olar ýalylar,
gelip señ temaña at dakar, senem " bah, özi bet ýazýar öýdýãn" diýip
$ahsysyna seredersiñ. 3-4 ýyl Ertir-e agza-da bolsa, ýekeje-de öz
oýlanmasy, öz döredijiligi ýokdyr. ñ halanan temasam -12 detskiý
degi$melerdir. Özem, -12 degi$melere "Hahahaaa bet degi$meler
ekeni" diýip teswir ýazyp kaçestwosyny görkezer. Ýöne, gelip señ
ýazanlaryña at dakar. Bârde, diñe $eýleleri ýazgardym, polojitel
tankytlar hökman bolmaly. Soñ, gürrüñ maña tarap sowuldy. Menem
$owsuz söýgimden soñ, "Indi hiç kimi söýüp göwnümi berjek dãl" diýip
ýören waglarym, soraglary Ryssar ýaly derbi-dagyn etdim. Ýöne ol
ganojak klasda$ym, hasam bolmajy boldy.
-McM, nàme-ow, henizem ýatdan çykarmadyñmy ony?
-Çykdylaý, nesibedir-dâ, biziñem mañlaýymyza biri çykar-da
-Kandidatka barmy?
-Aý ýok, hãzirâ ýok. Nesibedirdã, bolsa boluberer-dâ
-Beýdip sallah gezip ýörme-how. Senem tap-a indi bir zatlar. Ýa$am bir
çene barýar
-Aý onyña dogry, ýa$ bir çene barýar...
-Soñ gyzlar McM garry diýip saña barmazlar. Ýa ejeñe birini tap diýip,
ejeñ tapanyna kaýyl bolaýjakmy, hahahaha...
Bu gürleýãn oglanyñ ýanynda oturan gyzam ejesi tapypdyr welin, edýân
gürrüñine seret. Men bol$una görã gaharjañ, gyzmarak oglan. Ol
oglanam muny bilýâr, $onda-da ýanynda gyz oturansoñ meñ hiç zat
diýmejegimi bilýãmi nãmemi, awusyny pürkip otyr. ol taýda " Eý,
döwük-ýenjik, meñ gyza gyzyp ba$lan döwrümden bãri, jemleseñ 1 ýyl
söýgùlisiz gezdim, sen 17 ýa$yñda 11 ýaly çagalar ýaly ejeñe-kakaña
gün bermãn ýörkä, meñ hala$ýanym bardy, saý-sebãp bilen söýgüli
edinipsiñ welin leksiýa berýârmiñ maña?" diýip bolanok-da. Hä-hawa
diýip otyrsyñ-da gyzlar bolany üçin. Soñ, gyzlañ biri indi gaýdaýalyñ
diýdi. Maña-da geregi $oldy. Turdyk. Ofissiant gyz, manysyz maña
seredýâr...Gözleri hanasyndan çykan ýaly. $onda-da meni görýãn ýaly
seredýãr. Gyzyl lakly barmajyklaryny galdyryp " yzyña seret" diýýär.
Yzymda bir çagajyk içini tutyp gülýâr... Ýerimden turyp çaganyñ
eñeginden tutyp gysýaryn. Gülmesini bes edýãr...Ýuwa$ja ýörãp
kafeden çykýaryn. Çykyp barýarkam ýadyma bir gyz dü$ýâr: Ol gideli
bâri, ýüzümiñ bir gapdaly çym-gyzyl...
"McM WE HAÝWANLAR" (Bolan waka, hehehe)
2-nji klasy gutaran tomusymyz, mamamlara oba gitmekçidik.
Gitmânkãk ejem " McM, giden wagtyñ akyllyja bolsañ âkitjek, ýogsa
seni ýeke özüñ öýde goýup gitjek. Mamañlañ e$ekleri bilen oýnap
özüñi depdirâýmegin ýene" diýdi. Bolýa diýdim, indi $ol e$egiñ ýanyna
bar diýseñem barmaryn diýdim...Sebabi...Sebãbinem aýdaýyn. $u
gürrüñ berjek wakamdan iki ýyl ozal, ýagny, entãk okuwa
ba$lamankam mamamlara gidipdik. Obada herkimiñ mal-garasy,
towugy-jüýjesi bolýar-da köplenç. Kãbiriniñ e$egi hem bolýar, ine,
mamamlarda e$egem bardy. Menem nirede e$ek görùpdirin,
telewizorda Gandym aga-nyñ e$eginden ba$ga e$ek göremok. Öñ e$ek
görmedik 6 ýa$ly çaga e$ek tâsin gelýâr. E$ek dañylgy dur, men bârden
baryp oturyp yarym salkyn e$egi synlaýan, oñ bilen gürle$ýân, halahwal sora$ýan. ne $ol günleriñ birinde, daýymyñ ogullarynyñ biri,
towuklara semzek ýygyp haltany doldurypdyr, haltany e$ege ýüklãp
gelýârdi. Daýymyñ beýleki ogly bilen bizem gidip öñlerinden çykdyk.
Ol ýa$daky çaga üçin mundan uly nãme güýmenje bar, elimizde çybyk,
öýe gelýãnçãk e$egiñ ýanynda ylgap çybyk bilen e$egi urýardyk.
Esasanam men urýardym. E$ek bilen gelýân daýymyñ ogly meni
duýdurdy, "Boldy et indi, gaharyny getirseñ depýândir." Men bolsa
duýdursa-da çybyk bilen urmaga dowam edýârdim, semzek diýilýãn ot,
beýleki otlardan agyr bolýar, e$ek semzek doly haltany göterýâr, bir
tarapdanam meniñ çybygyma çydajak bolýardy. Daýymlañ deñine
gelenimizde howludan sowulyp haltany towuk ketegiñ öñünde
dü$ürdik. Soñ, daýymyñ ogly e$egi dañylýan ýerine tarap alyp gitdi,
men bolsa entãgem e$egi urýardym, indi e$egi urmak bilenem
çãklenmãn, guýrugynyñ a$agyna çybyk dürtýãrdim, ýaramazdym,
lälikdim. Birdenkã, tozan turdy, nãmãñ nâmedigini bilip ýeti$mãnkãm,
ýerde otyrdym. Dem almam kynla$dy, daýymyñ ogly "Eý, men saña
aýtdyma deper diýip" diýen wagty, meni e$ek depenini bilip galdym.
Hawa, meni e$ek depipdi, meniñ onça eden-etdiligime çydap bilmãn,
Krowawyý Sport-da Wan Damm-yñ Bolo Young-y depi$i ýaly depip
aryny alypdy. Men, 15 sekunt soñ bilip galdym e$ek depeni, aglap turyp
daýymlañ 25 sotka melleklerinde 2 krug ylgap aýlandym dyhalkamy
tutyp. Ýeri, e$ek depdi tañ etdi, nãme üçin mellegiñ da$yndan krug
edýãñ diýsene? Bolýa, jan-howlugyña 1 krug ylgadyñ, 2 krug nâme üçin
ylgaýañ? Ýa jübüt san bolsun diýdiñmi? Zordan öñüme barrikada guryp
sakladylar, ýogsa 5-6 krugam ylgardym. Dogrudanam, e$ek gowy
depipdir, dyhalkamda toýnagynyñ yzy bardy, Hudaý bar. Gije hemme
ki$i ýatdy.(E$egem). Menem elime ak-gara kraska alyp bildirmânjik
e$egiñ ýatýan ýerine baryp e$egi ak-gara kraska bilen reñkledim. rden
daýzam sygyr sagmaga baranda ak-gara e$egi görüp zebramyka diýip
ça$ypdyr. Daýym, zooparka jañ edip "E$egimiz zebra bolupdyr" diýdi,
zooparkyñ i$gârleri gelip e$egi alyp gitdiler, e$egiñ kraskasy akýança
zoopark-da "Aññyrýan zebra" diýip halka görkezdiler, menem $eýdip
e$ekden arymy aldym, hehehe. ne $u waka sebâpli, ejem meni
duýdurypdy.
Oba bardyk ag$amlyk, çaý-çörek iýip ýatdyk. Ertesi güni, daýymyñ
ogly mal bakmaga gitmelidi. Menem gitmekçi boldum. Ejem gitme
diýse-de, maña gyzykly gelýârdi, aglap-eñrâp zordan yrdym, sebâbi,
mal bakýan ýerleri ýoluñ añyrsyndaky 500 metr uzakdaky ýorunjadady.
Goýunlary sürip gitdik, ýorunja bardyk. Ba$ga-da mal bakýan köpdi,
daýymyñ ogly olar bilen kart oýnap ba$lady. Menen ýüregim gysyp
olañ ýanyndan turyp goýunlañ ýanyna gitdim, goýunlar bilen
güýmenmekçidim. Goýunlañ ýanyna baryp bârrãkden olañ otlaý$yny
synlap duryn, bir goýunam süriden beýlerãkde, öz ba$yna otlap ýör.
Süridãki goçam, goýunlar bilen nãz-kere$me edip otlan bolup ýör, garaz
hemme zat adaty. Soñ, ýeke özi otlap ýören goýun maña seredip
ba$lady. Menem oña seredýân. $eýdip biri-birimize seredip durys.
Birdenkã ol goýun maña tarap ýörãp ba$lady. lki üns bermejek boldum.
Ýöne, goýun indi maña tarap ylgap ba$lady. Aljyradymmy nãmemi,
goýun maña tarap ylgap ba$landa menem ýerimden turyp gaçyp
ba$ladym. Gaçyp barýarkam yzyma seretsem, entâgem yzymda
selkildãp ýetip gelýâr. Hasam gaty ylgap ba$ladym. Goýunlañ
tebigatynda adam kowalamak diýlen zat ýok, goýun, ýuwa$, öz
bolu$lyja, sadaja haywan ahyry, ýöne bu goýun meni kowalaýardy,
menem gaçýardym. Ylgap kart oýnap oturan daýymyñ ogly dagyñ
ýanyndan ýetip barýarkam, daýymyñ ogly dagy görendirdã, " Gaçma
McM, sen gaçanyñ üçin kowalaýa" diýip gygyrsa-da, ony diñlemãñ
deñlerinden ylgap geçip gitdim. Yorunjañ gutarýan ýerine gelip yzyma
seretsem, goýun meni kowalamany bes edipdir, sölpildâp yzyna gaýdyp
barýar. Menem begenip " Hehe, yzymdan ýetip bilmedi, ýetdirmedim,
gaty ylgaýan" diýip daýymlara gaýtdym. Ejem geñ galyp " nâme ir
gaýdypsyñ?" diýdi. Menem " ýüregim gysdy, daýymyñ ogly dagy kart
oýnaýa" diýen boldum. Daýymyñ ogly, gelen wagty gülüp " McM-i
goýun kowalady, o-da gorkup gaçdy hehehe" diýip hemme zady aýdyp
berdi. Menem oturan ýerimde utanjyma kiçelip kiçeliiiip zajigalka
bolup daýymyñ jübisine girdim. 1-2 gün ýaly geçdi, mal ýatagyñ
ýanynda durdyk. Daýymyñ oglunyñ dostlary, goñ$y oglanlaram bardy,
öz-ara gürrüñ edýãrdiler. $ol wagt, oglanlañ biri mal ýatagyñ demir
re$$etkasyna seredip " Eý, $u re$$etkadan geçip mal ogurlaýmasynlar,
re$$etka giñ ekeni" diýdi. Al saña gerek bolsa jedel. Jedelle$ip
ba$ladylar, "Aý bu re$$etkadan geçip bilmez hiçkim", "Aý mundan
geçse-de, mallary alyp çykyp bilmez, mallar ses edip duýdurar,
goýunlar mälär" we $.m. Soñ bir oglan,"Adamyñ kellesiniñ sygan
ýerinden göwresem sygýamy$, $u taýdan kellesini sokup girip mallary
ogurlar islese" diýdi. Menem duryp bilmãn söze go$uldym, "Onda meñ
kelläm re$$etka sygsa göwrãmem sygýa-da?" diýdim. Ol oglanam
"Hawa, göwrâñ sygýa, kellãñ geçse göwrãñem sygýa" diýdi. Hiçkim
"Hany sygýamyka barlap gör" diýmese-de, men göterilip re$$etkañ
arasyna kellãmi sokdym. Kellãni sokdyk sokmasyna welin, edil
gulplanan ýaly, hereket edip bilemok. Kellämi çykarjak bolýan bolanok,
dyzap göwrämi geçirjek bolýan, ýene bolanok, düýegu$ ýaly kelle
a$akda, syrtym ýokaryda, reetkadan sypjak bolýan, bolar ýaly dãl. Nãçe
synany$samam bolanok, agylyñ içindãki goýunlar nebsia
gyryjylyk bilen kellelerini gy$ardyp maña seredýârler. Re$$etkañ
arasyndan çykjak bolup dyrja$ýan, gara-suw boldum, bytnabam
bilemok. Oglanlaram gülü$ýâler. ñ soñunda aglap ba$ladym. Aglan
wagtym ýagdaýyñ kyndygyna göz ýetiren bolmaly, daýymyñ ogly
"Kakaaaaaaaaa" diýip gygyryp daýymy çagyrmaga gitdi. Men bolsa,
Giyotin-e kellesini goýan Fransuz asylzadasy ýaly alaçsyz, re$$etkadan
añyrsyndaky goýunlary synlaýardym. Ejem, daýym, daýzam dagy geldi
soñ, ejem gaharyna gele-gelmãne "Men saña akylly bol diýip dilim
syryldy" diýip syrtyma depdi. Gaty güýçli depen bolmaga çemeli,
$ypbygy sypyp agylyñ içine, meñ edil kellämiñ öñüne dü$di.
Aglanymdanmy, ýa gara-suw bolup derlãnimdenmi, ýa ejemden
gorkanymdanmy, kellãm kiçeldi, öz-özi re$$etkadan çykdy. Kellesi
geçse göwresi geçýãn, adam dâl ekeni...Neme ekeni... Hehe, bilýäñiza
nämedigini...Yok how ol dal, syçan ekeni.
Ajykdym.
"GYZ ÜÇIN HÄSIÝETIÑI ÜÝTGETMEK"
Gyz üçin hâsiýetiñi üýtgetmek nãme bilýãñmi jigim, aýdyp bereýinmi?
Gel otur, gürrüñ bereýin, belki saña-da sapak bolar, soñ, men ýaly
pu$man bolmarsyñ. Ýöne akyllyja bolup diñle, eliñi minusdan aýyr,
hehehe. Obada zatda pejiñ üstine kitir goýýandyrlar, elmydama pejiñ
üstinde durandyr. Çaý demlejek wagtyñ ýa hamyr eden wagtlary gerek
bolanda ana saña taýyn gyzgyn suw. "McM, pejiñ üstindãki kitiri
getirsene balam, çaý demlãýin. "Wah mama jan, getireýin welin,t utar
ýaly dâla, sapam demirden muñ, niresinden tutaýyn, mata-marlygam
ýok? Ana, gyz üçin hâsiýetiñi üýtgetmek, $ol gyzgyn kitiriñ sapyndan
mata-marlyksyz tutyp mamaña ãkitmekdenem kyn. ne, tema girip
ba$laýarys indi, göni otur jigim, gy$armanjyk. Käwagt, ýer ýüzünde,
hala$an hemme gyzlary bilen durmu$ gurmak barada pikir eden diñe
menmikäm diýýârin. Durmu$ gurmak bolmasa-da, 1-2 ýyl soñrasynyñ
planlaryny gurdym. Mysal üçin, hâzirki gürrüñ berjek gyzym bilen bir
sebãp bilen sögü$ip 1 aý ýaly gürle$män gezipdik. Meñ pikirimçe gyz
günãkârdi, ötünç sorap göwnümi tapmasa ýara$jak dâldim. $ol wagtlar,
tany$ gyzlarymyñ biri maña bir gyzyñ nomerini beripdi. Jañ edip
gürle$ip ba$ladyk, 10-15 gün hiç görü$mesegem telefonda gürle$dik.
Gyzy uzagrakdan tanaýan, gyzyñ kakasy göçüp-gonmaly i$de i$leýâr. 1
ýyl soñ nirä diýseler $oña gitmeli, gyzam 1 ýyl soñ görùp biljegim
gümana, $onda-da gyza "Biziñ bu ýagdaýymyz niçik bolar? Siz gitseñiz
soñ nãdip gör$eris? Men erbet gynanaryn" diýýãrin. Gyzyñ göwni bir
ýaly, "Aý hawa, gör$üp bilmeris,1 ýyl söýü$enimiz söýü$enimiz, soñ
biri-birimizi görmeris" diýýâr. Meñ kelläm entãgem sögü$li gyzymda,
ýara$mazlygym hem ahmal welin, ýara$aýmagym gaty ahmal. $ondada bugyz hakynda bir zatlar planlaýaryn, iñ azyndan gyza erbet göz
bilen garamok, söýü$ip ta$laýyn diýemok, ýöne gyzyñ diýýãnlerine bir
seret? Gürrüñ berjek gyzym bilen bile orta mekdebi gutardyk. Ol orta
mekdepden soñ, zehinlem bolsa, ýokary okuw jaýyna höwesem etmedi
diýseñ boljak, tikin-çatyn bilen me$gullanýardy we tikin-çatyny gowy
görýãrdi. Men,ýokary okuw jaýyna ýerle$mek isleýãrdim. Orta mekdep
gutaransoñ, indi öñkiler ýaly kãn görü$ibem bilemzokdyk. Aglaba,
telefonda gürle$ýardik ýa-da hepde-de 1 gezek görü$ýârdik. Gyz,
owadan gyz, gabanýan elbetde, kãn görü$ip bilmeýãnimize-de janym
ýanýar, gyza bolgusyz ýere azar berýãrdim. Telefonyñ trubkasyny sâhel
giç galdyrsa it ýaly ýùzüni alýardym, da$ary çyksa "Pylan sagatda öýde
bol" diýip wagt berýãrdim. Wagtynda trubkany almasa 2 günlãp jañ
edemokdym, ol jañ etse-de men trubkany almaýardym. Garaz, gyz 19
ýa$ynda ýetginjek bilen hala$ýarmy ýa 9 ýa$yndaky öýkelek çaga bilen
hala$ýarmy biler ýaly dãldi. Soñ men ýokary okuw jaýyna girdim.
Ýokary okuw jaýyna giripsiñ tañ edipsiñ, sen gelejekdãki ýokary bilimli
raýat kanditaty, azajyk dü$birãk bol, $eýle dãlmi? Bolmadym. Bolup
bilmedim. ndi gyz bilen görü$megimiz hasam kynla$dy. Gyza hasam
beter yrsarap ugradym. Gyzyñ 1 sany jynym almaýan goñ$y gyzy
bardy, $onuñ bilen gürle$me diýýârdim. Gyz,goñ$ylary bilen öñkileri
ýaly gürle$mãn ba$lady. Gyz, toýa-poýa gidãýse, wagtynda gelmese
dâlirãp bolmajy bolýardym. Bir gezek, gowy görü$ýân garynda$
gyzynyñ toýundan men diýenim üçin ma$galasyndan öñ sagat 8-de
gaýtdy. Men bolsa, trubkany 15 minut gija galyp galdyrdy diýip
bolmajy boldum...
Günler geçýârdi, meniñ gabanjañlygym, pohiýijiligim bolsa
egsilmeýârdi. Gyz, "Esasy zat ikimiz McM" diýip hemme zada
geçirimlilik edýârdi. Men bolsa hamana gyz, menden ba$ga hiç kime
gitmez, men nãme diýsem edãýjek ýaly hereket edýârdim. Jigim diñle,
kãbirimiziñ iñ ýalñy$ýan zatlarynyñ biri hem $eýle dü$ünje. " Aý,
menden gidip bilmez, nâtse-de ýene maña kaýyl bolar." Kãbirimiz ,
gyzy yrmankak $eýle intelligent, $eýle sypaýyçylykly. Gyzy yryp
öwren$emizsoñ bolsa...ñ azyndan özüme jogap bereýin, men $eýledim
öñ. Saña-da maslahat jigim, $u ýalñy$y goýberme senem. Akylly bol.
Köwüñi çykardyñmaý, jorabyñ ysy gelýâr. Geý köw$üñi. ýul aýynda
gyzyñ doglan güni bardy. Men samsyk, name sebâp boldy bilemok,
(sebãbem ýokdurla, $ol günem gyz bilen telefonda gürle$ipdik) gyzyñ
doglan günini ýatdan çykarypdyryn. Ertesi güni gyz kakdyryp ýatlady,
men ýene samsyklyga saldym. Hemme zada geçirimlilik edýãn gyz, bu
gezek geçirimlilik etmedi. lkinji gezek meñ bilen deñ bolup gygyry$dy.
Geñ galypdym. ndiki du$u$ykda sowgadyny aldym. Maña nãme diýdi,
bilýãñmi jigim, "Maña sowgat gerek dâl, sen gerek. Ýöne sen meni
öñkiler ýaly söýeñok. Doglan günimi hem men ýatladýaryn. Birje gül
alyp berseñ meniñ göwnim açylardy, heme zady ýatdan çykarardym.
Nãme bolýa saña McM? Özüñe gel, men okuw wagtlarymyzdaky
$adyýan McM-i isleýârin." $u wakadan soñ, gyzam her wakada meñ
bilen sana$yp ba$lady.Sabyr kásesi püre-pür bolandyrda. Sâhel zat üçin
sögü$ýârdik. Oñem sögü$erdik welin, bu gezek ba$gaçady. Men jañ
etmesem gyz jañ etmeýârdi. Samsyk, agzybirje bolsana. Ýene bir gün,
$âherde du$u$dyk. Oturdyk, gürle$dik, iýip-içdik. Gider wagt boldy.
Taksa münip öýleriniñ bârrãginde dü$ip ýörâp ba$ladyk. Öýleriniñ
bârrãginde kommerçeskiý bardy, howa yssy, menem
suwsadym.Kommerçeskiý-den 1 bakla$ka suw alyp bokurdakdan
goýberdim. $eýle bir suwsapdyryn, gyzyñ "Menem bir owurt alaýyn"
diýenini e$itmãn galypdyryn. Sygyry emýãn göle ýaly suw içýârdim,
bokurdagymdan, köýnegimden suwakýardy. Suwy içip bolup
bakla$kany bo$añkyrladym. Gyza seretdim, maña aýylganç seredýárdi.
Nâhili diýsemkãm, nâhili suratlandyrjagymy bilemok. @Jana93(
dogryýazmadym öýdýãn, anyk ýadyma düenok nigi) , @ Ya Swami,
@Akela, @Leyli96, $ulañ 4-sine haýy$ etseñ, " Ýigrenji garaýan gyzyñ
suratyny tap" diýseñ, $olaram tapyp bilmez gyzyñ ýüzindãki ýigrenji
garaý$y. $eýle ýigrenç bilen seretdi. Men, hiç zat bolmadyk ýaly
bakla$kany uzatdym, "Al içseñ... " Gyz hiç zat diýmãn gaty-gaty ýörâp
öýüne gitdi. Öýe gelip gyza jañ etdim, gyz, "McM, boldy indi bes,sen
$u gödek hâsiýetiñi düzedýãnçâñ señ bilen görü$jek dâl, nãme bolsa
görüberýáris" diýdi. Geñ galdym, hiç zat diýip bilmedim. Gyzyñ
çynydy,ilkinji gezek beýle çynyrgapdy. Men gedemlik etsemem, gyzy
isleýârdim. Ýara$asyn gelip ölüp barýardym, gyz, elimden gidip barýan
ýalydy. Àsgermezlik diýmâýin, ýöne gadyrbilmezlik edipdim. Öñler
sögü$segem jañ ederdi, indi men jañ etmesem edenokdy, asyl men
etmesem jañam edenokdy, trubkany alaýsa-da gysga wagtda trubkany
goýýardy. 1-2 gün geçdi, özimden ulular bilen maslahat etdim. Meñkinä dogrydy. Gyz bilen görü$mesegem, kynlyk bilenem bolsa her gün
diýen ýaly telefonda gürle$ýãrdik. Öñkiligi ýokdy gyzyñ, menden erbet
gaty göripdi. Elbetde suw we bakla$ka üçin gaty görmãndi, meniñ
gödekligim ýüregini agyrdypdy, nâtsinda gyz, sabyr kásesi dolupdy.
Men, hásiýetimi üýtgetmani ýüregime düwdim. Jigim, seret, ýalñy$
dü$ünme, gyz üçin bolsa-da, gödeklik, gyzmalyk ýaly erbet gylykhâsiýetlerim bardy, meñ maksadym, $olary azajyk göz astyna almaklyk.
Yogsa, gyz üçin özümi bütünleyin üytgedeyin diyen niyetim yokdy,
diñe, gödek häsiyetlerime serenjam bermek, göz astyna almak. Nádip
almaly? Özime nãhili terapiýa etmeli? Dokumentalnyý kino görüp göz
astyna almakçy boldum. Bolar ýaly dâl. Nâmãñ dokumentalnyý
kinosyny görjek diýsene. Maýmynlar? Maýmynlañ nãmesini görjek? ñ
gowy görýãn haýwanym jüýje. Jüýjãñ nãhili dokumentalnysy bolsun?
Jüýje, iým iýýár, ýerde togalanyp oýnaýar, tezekleýâr. Nãmãñ
dokumentalnysy? Goýbolsun etdim. Soñ, gyza sýurpriz etsem meni
bagy$lar diýen netija geldim. Gyzyñ çagaka okan bir kitaby bardy, soñ
$ol kitaby tapmandyr, biri alyp gidip getirmãndirmi nãmemi. Maña nâçe
diýipdi, $ol kitaby tapyp berãÿdã diýip. Gabat gelmedim menem,
dogrymy aýtsam köp gözlemedimem. Ana $ol kitaby tapyp bereýin,
begener, göwnüni taparyn diýdim. Öýde 300-den gowrak kitap, 50-ã
golaý çagalar üçin kitap bardy. Gözledim, tapmadym. Dost oglana ýüz
tutdym. Dost oglanyñ kakasam mugallym, nirede nãhili kitap görse
alýar. 2000-den gowrak kitaplary barmy$. Dost oglan gözledi-agtardy,
iñ soñunda $ol kitaby getirdi. Getirdi getirmesine welin, kitabyñ ýarysy
ýok. Sahypalar dál, kitabyñ ýarysy ýok. Ýanypdyr. Nãme etjek, gülseñ
bolanoook, aglasañ bolanoook. Aldym kitaby, dost oglana sagbolsun
aýdyp ugratdym. Gyza jañ edip, saña aýtjak goýjaklarym bar,
diýdim."Telefonda aýdyber" diýdi. "Bolmaz, gel öñki ýere" diýdim.
Gyz göwnemese-de geldi, "Bol aýt aýtjak zadyñy, meñ wagtym
ýok,gaýtjak" diýdi. Paketden kitaby çykaryp gyza uzatdym. Gyz gözine
ýa$ aýlap" ne McM, sen $u yarty kitaba dü$üni$iñ ýaly yarym
dü$ünýãñ maña" diýip, ilki bilen ýarysy ýanan kitaba seretdi, soñam
maña seredip çalaja ýylgyrdy, aýasy bilen gözýa$laryny süpürdi. n
soñky gezek. Kitap, aýyñ dogu$yna a$yk bolan kör gyzjagaz
baradamy$yn...
"BAGANA TELPEKLI ADAM"
Erkek adamyñ durmu$ynda, tragiki ýagdaýlar bolup geçýâr. Hãzir maña
" Seniñ ilkinji ba$yña gelen tragediýa nãme?" diýip sorasalar, sãginmãn
" Sünnet edilen günim" diýip jogap bererdim. Owfff, inim tikenekledi
hâzirem. Mowzugy okap ba$lap, mowzuk erbet tarapa gidýãndir diýip
pikir edãýmãñ. Her kimiñ ba$ynda bolýan zatlar bular, ine nesip bolsa
ogul bãbejigiñizi gujagyñyza alarsyñyz, ene-ata bolarsyñyz, $onda
siziñem ba$yñyza geler. Allajan, herkime $eýle bagt miýesser etsin.
Rim mperiýasynyñ Go$un Generaly, General-polkownik Mark
Antonius bellãp geçipdir-ã, "Nemetmãñ" diýip, sizem nemetmâñ.
Sünnet edilenimde, agyry duýdummy ýa duýmadymmy, hãzir anyk
ýadyma dü$enok. Ýöne, sünnet edilmãnkãm bolan ýagdaýlary, ertesi
günki wakalary hãzir "Surat edip çekip ber" diýseler, çekip bererin. Men
surat çekip bilemok, ýöne biriñiz çekseñiz, menem suratlandyryp biljek.
Özümi bilip ba$lanymdan bâri, ýadyma dü$ýãn iñ irki wakalaryñ biri
$u sünnet. Birem e$ek depipdi, ony ýazypdym. Meni, 5 ýa$ymda sünnet
etdiler. 5 ýa$yma çenli hemi$e gorkuzdylar, "Gel, seni sünnet edeli"
diýip. Eline gaýçy alyp uzagrakdanam bolsa haýbat atýardylar, $oñ üçin
hãzirem gaýçy görsem, $oool pursatlar kellãme gelýâr. Bah, köp
gürledimaý, tema geçeliñ onda. Tomus, ejem bilen kakam, oba
enemlere gideli diýi$diler. Menem, hiç zatdan habarym ýok, hezil
etdim. Bardyk oba, günortadan soñ, kakamyñ agasy bilen kakam,
tapçanda çaý içip otyrdylar. Enem, ejem dagy hem bar, gelnejem dagy.
Soñ, meñ gelenimi görùp, olar öz aralarynda sifrowoý gürlãp
ba$ladylar:
-Nãtdiñ, gürle$diñmi ussa bilen, gelýãmi$mi?
-Hawa, sagat 16:00-da bararyn diýdi. Ýarym sagat soñ gelerle.
-Ökdemi bir özi? Çagany nemedâýmesin?
-Ýok, ökde ökde. Bütin obañ nemesini $ol nemetdi...
Enem py$yrdaýar:
-Gelermikã, kim biler?
Gelnejemem py$yrdaýar:
-Geler-le wah, hökman geler...
Dogrudanam, yarym sagatdan soñ, "Ural" motor gelip enemleñ deñinde
durdy. Hâzirem ýadymda da$ ke$bi, ak köýnek geýipdir, kellesinde-de
yssa garamazdan çal bagana telpek bardy. Uzagrakdan motor sürü$ini
görseñ, köýnegem ak bolmasa, "Atlylar-daky" motorly nemesmikä
diýersiñiz. Gelip tapçana sumkasyny goýup gürle$ip ba$lady biziñkiler
bilen. Aram-aramam öz gurbanlygyna, ýagny maña, gözüniñ gytagy
bilen seredýârdi. Soñam men ýanyma gelip, gassabyñ, soýmanka gölãni
kö$e$dirmek üçin mañlaýyny sypaý$y ýaly, kellãmi sypalady, halahwal sorady. Men, orsyñ içalysy ýaly, çaga-da bolsam $übhelenip
ugradym indi. Kakamyñ agasynyñ menden 5 ýa$ uly ogly bilen,
goñ$ysy hem bardy. Olaram öz aralarynda maña seredi$ip
gülü$ýárlerdi. Enem bilen gelnejem öz aralarynda gürle$ip
ba$lanlarynda men hemme zady añdym:
-$u taýda nemetmelimi?
-Hawa, bar içeriden ýassyk bilen dü$ek getir. Tapçanda ederle...
Ejemem kakama "Meñ ýüregim çydamaýar, men-ä bârde durup biljek
däl" diýensoñ, nãmãñ nãmedigine dü$ündim. Kakam bilen agasynyñ
gürrüñi, bagana telpekli adam, enem bilen gelnejemiñ yassyk-dü$ek
gürrüñi, kakamyñ doganynyñ ogly bilen goñ$ysynyñ maña seredip
gülü$mekleri, iñ soñunda-da ejemiñ kakama "Ýüregim çydamaýar"
diý$i...ndi krosswordyñ ãhli harplary tapylypdy. Meni oba sünnet
etdirmek üçin getiripdiler. Men çaga göwnüm bilen $u zatlary pikir
edýârdim, hem-de bir alaç gözleýârdim. ñ soñunda tapdym. Derrew
ökjäni götermesem, 5 ýyllyk bedenimden bir bölek gitjekdi. Çaga-da
dost, "Kesýárler" diýseler, bizem düýbinden paltalaýarlarmyka diýãrisdã. Ýuwa$lyk bilen tapçandan dü$üp köw$ümi geýip durkam (Köwü$
diýýãnimem rezin $ypbyk) bagana telpekli adam bilen gözümiz
kakly$dy. $ol wagt, $ol adamyñ gözünden uçgun çykýan ýalydy.
"Tutuñ" diýdimi ýa "Gaçýar" diýdimi, bir zada diýip kakamyñ agasynyñ
ogly bilen goñ$y oglana komanda berdi. Menem muny e$idip aglap,
gygyryp gaçyp ba$ladym. Gaçamda-da düýbünden keser diýip
gorkdummy nãmemi, balagymyñ öñüni tutyp, leññeç ýaly gapdallykan
ylgap yzyma seredip gaçýardym. Kowalaýanlar bolsa, Mongollañ
nökeri ýaly bolup ýetip gelýârdiler. Men, leññeç ýaly gapdal ylgasam
tutularyn, "Gaçy$ym bar, kowu$yma meñzemez" diýip elimi
balagymyñ öñünden aýyryp Usain Bolt ýaly ylgap ugradym. Hany,
Ependiñ bir $orta sözi bardyra, e$egine na$atyr çalýar, e$egi tamyñ
da$ynda durman aýlanýar. Menem na$atyr çalynan ýaly gaçýardym.
Beýle diýsem, tokaýda, jeññelde, dagda, çölde gaçýandyr öýdãýmäñ,
enemleñ 25 sotka melleklerinde gaçýardym. Mellegiñ gutarýan ýerinde
kiçirãk ýap bardy, $ol ýap, beýleki goñ$ular bilen serhetdi. Ana dostum,
tutulmanjyk $ol ýapdan geçsem, serhedem geçýãrdim, azatlyga
çykýardym. Ýöne, bolmady... Ýaba ýetdim, seretsem içinde azajyk suw
bardy. Bökdüm içine. Ýabyñ añyrsyna çykmak üçin dyzap ba$ladym.
Ýap, meñ boýumdan uly bolansoñ, we gyralary çyg bolansoñ çykyp
bilmeýãrdim. Multfilmlerde bolýandyra, gahryman, bir ýere dyrma$jak
bolýandyr, ýokaryk ýetip barýarka taýyp ýuwa$lyk bilen yzyna
gaýdýandyr, dyrnaklary bilen tutjak bolsa-da bolýan dãldir,
dyrnaklarynyñ yzy çykýandyr dyrma$ýan ýerine. Ana menem $eýle,
nâçe synany$samam ýapdan çykyp bilemokdym, çykyp barýarkam öl
bolansoñ, gurbaga ýaly ýabyñ gyrasyna ýapy$yp, usuljak bilen ýene yza
gaýdýardym. Serhedi geçip bilmedim, Mongollañ nökerleri meni tutdy.
ndem ýapdan yzyma çykmajak bolup aglap dyzaýardym. ñ soñunda,
meni tutyp ýapdan çykardylar, süýrãp diýen ýaly tapçana tarap ãkidip
ba$ladylar. Men bolsa uly ilim bilen gygyryp aglaýardym, olara "
Goýberãýiñ" diýip ýalbarýardym, Leopold ýaly, "Dawaýte, jit drujno"
diýýãrdim. Olar bolsa meni diñlemân tapçana okladylar. Ýatyrdylar
dü$ege, enem bir elimden, kakam beýleki elimden, kakamyñ agasy iki
aýagymdan tutdy, bagana telpekli adam, üstime abandy. Men iñ soñky
gezek, "Hemmesini kesme, azajyk kes, gyralaryny kesme" diýip bagana
telpekli adama aglap naýynjar seretdim. Hamana, saç deñletmãge
parikmahera baryp, "Saçymyñ üstinden alma, gyralaryndan çalaja al"
diýýân ýalydym. Kakam "Bolýa, azajyk keser, gorkma, agyrtmaz"
diýdi. Menem kakama, "Agyrtmaýan bolsa, onda sen ba$laý, uly ba$lar,
kiçi i$lãr" diýdim. Hehe, goýsañyzlañow, beýle diýip bormy. Oýun
edýãn. Bagana telpekli adam, ussatlyk bilen öz i$ini ýerine ýetirdi.
Çyndanam, $ol taýlary anyk ýadyma dù$enok. Gözgyny bolup gaçy$ym
welin, hâzirem ýadymda. Derman berendirler diýsem, ol ýa$daky çaga
agyr dermanam bermezler. Bilmedim. Ýöne ertesi güni ýadyma dü$ýar.
O-da yssydan bolaýmasa.Gözimi açamda enemiñ otagynda ýatyrdym.
Enem, gazet okap otyrdy. Üstime seretsem, ak mata oklapdyrlar üstime.
Otagda elhenç ys bardy,dermanyñ porsy ysy. Bilýãnsiñizle. Stalingrad
söwe$inde ok degip ýaralanyp, gospitalda özine gelen esger ýaly
samrap, eneme ýüzlendim:
-Ene, men nirede?
-Eneñ ýanynda oglum, eneñ otagynda...
-Uru$ gutardymy? Bagana telpekli, "Ural" motorly nemes nirede?
-Ýat oglum sen, nãme etjek ony?
-Atjak.
-Ol nemes dâlã, oñ ady Çaryýar. Ol seni sünnet etdi oglum.
-Ýa$asyn 87-nji atly diwiziýa!! Ene derman ýokmy? Medsestraaaa!!!
Analgin...Ssitramon...Aspiriniñ ýokmy ene? Kirpigime wazelin
çalsana...
Aýaga galdym soñ. 1 hepde ýaly ak ýaglyk dañdylar öñüme. Öñüme ak
ýaglyk dañylgydy. Öñüñe ak ýaglyk dañylanda nãme, geçiñki ýaly
syrtym açyk, 1 hepde ndeýessleñ çagasy ýaly bolup gezdim. Kakamejem, men adaty ýagdaýyma gelýãnçãm enemlerde boldylar. Geçen
tomus, ejem öýde goñ$ymyzyñ täze gelnini nahara çagyrdy. Jigim, gelin
görsin diýip çemedan-dan ma$galamyzyñ surat albomyny çykardy. Ol
albomda meñ sünnet edilemde dü$en suratlarymam bardy. Awuna
topulýan ýolbars ýaly surat alboma topuldym, arlap sünnet edilen
wagtym çekilen suratlary aldym. Soñam zajigalka bilen ýakyp çöle
gömdüm. Wiiý, mowzugy gutarmankam örãn möhüm bir zady bellãp
geçmekçi. Arada ejemden soradym, "Eje, meñ sünnet toýum edildimi,
meñ ýadyma dü$enok edilenem bolsa" diýdim. Ejem, "Ýok McM,
edilmedi. Bir sebãp bilen etmedik. Soñam, gelin toýunda edãýeris diýip
goýbolsun etdik" diýdi. Bu möhüm wakany bellãp geçmegimiñ sebãbi,
gadyrdan Ertirde$ler, men toý edenimde, size çakylyk ugradan wagtym
çakylykda "Aýyñ pylançasyna, sagat pylançada, McM-iñ durmu$
toýuna we sünnet toýuna gara$ýarys" diýen ýazgyny görseñiz, geñ
galaýmañ. Borlaý. Degi$mekden aýyrmasyn. Ýöne çagalygym ýadyma
dü$se: Çep tarapym agyrýar...
"ÝANYÑDA GYZ BARKA BA$GA BIRI BILEN DAWA-JENJEL
ETMEK"
Meñ pikirimçe, wagt+ tragediýa= komediýa. Wagtyñ geçmegi bilen
durmu$da ba$ymyzdan geçen kiçiräk tragiki ýatlamalar, soñ-soñlar,
wagtyñ geçmegi bilen komediýã öwrülýãr. Hemme tragediýa bolmasada, kiçirãk tragediýalar üçin $eýle diýseñ boljak. Meselem, öý i$iñi
etmäniñ üçin mugallymyñ urmagy $ol wagt tragediýa-da bolsa,
ulalañsoñ komediýa ýaly ýatlap gülýãrsiñ. Ýa-da biri bilen ur$añda,
taýak iýip durkañ dünýäniñ iñ bagtsyz adamy özüñmikäñ diýýârsiñ. Soñ
bolsa, "Bäh, gowy edip depilipdim $ol gezek hehe" diýip ýatlaýarsyñ.
"Ýanyñda gyz barka ba$ga biri bilen dawa-jenjel etmek" haýsy
kategoriýa girýâr, bilemok. Ýagdaýa görã üýtgeýâr diýjek welin, gyz
ýanyñdaka depilmegiñ nämesi komediÿa bolsun diýsene, wagt
geçäýende-de? Hã ýöne bilmedim, gyz bilen oglan degi$gen bolsa, toý
edenlerinden soñ gyz, "$ol gezek, men barkam ba$ga birinden taýak
iydiñ hehe" diýen wagty oglanam, "Hehe, hawa, saña görünjek bolup
gompardym welin, bir hepdelãp çep gözüm çi$ gezdim" diýâýmekleri
hem ahmal. Ýöne müñde bir bolaýjak zat bu, köplenç beýle
bolmazmyka diýýãn. Edil meñ özüme sorasalar hä, gyzyñ ýanynda
dawa-jenjel etmek gerek dâl. Asyl dawa-jenjel etmegi ündãmok, emma
kãwagt bu ýagdaý bize görã bolmaýar-da. Meñ özüm gyzyñ
ýanyndakam ba$ga biri bilen dawala$yp gördim. Ýöne biriniñ ýanynda
gyz bar wagty hijem dawala$madym. Señki dogry diýip gaçdym.
Gar$ymdaky nãçe synany$sa-da, dawala$madym. Mysal üçin, bir gezek
3 oglan bilen bazarda aýlanyp ýördik. Bazaram hyryn-dykyn, ýörâre ýer
ýok, kâbirleri barjak ýerine uçup barýar, $eýle mâreke bar. Birden-kâ
gar$ydan gelýãn bir oglan bilen egnimiz kaky$dy. Egniñ kaky$mazlygy
mümkin dãl, nemãñem kaky$ýa hatda, hmm nemäñ... Eliñ. Soñ oglan
maña "Öñüñe seredow" diýdi, maña diýýãndirem öýdemok, sebãbi
adam gaty köp. Maña diýýâr ekeni, seretsem 160 sm golaý boýy, 55-60
kg agramy bilen bir oglanjyk maña haýbat atýar. Ýanynda-da gyz bar,
gyz oglana "Bolýa-la, ýör gideli" diýýâr, ýeñinden çeki$dirýâr. Oglanyñ
ýanynda gyz bolansoñ menem "Bagy$la dost" diýdim. (Ýanynda gyz
bolmasa-da $ol märekede dawala$yp durmazdym, ýene-de bagy$la dost
diýerdim). Bu oglanam men ötünç soradym diýip çekinendirin öýtdimi
ýa gyza özüni subut etjek boldumy bilmedim, men bagy$la diýemsoñam
"Gözüñ görmeýän bolsa men puluny bereýin, doktora git" diýdi.
Ýagdaý dü$nükli, bu oglan pulluja, her ýagdaýda pulyny öñe çykaryp
ýören, lâlijek oglan bolmaly diýip pikir etdim. Dost oglanlaram 20-30
metr öñde, olaryñ hiçzatdan habary ýok. Täzeden "Dost, bagy$la
diýdim, göreñokmy, adamlardan geçer ýaly dãl, onça-onça bolýan zat"
diýip sypaýyçylyk etdim. Bu oglan hasam beter horazsyrap "Sen kim
meni kakar ýaly" diýip gygyryp ugrady. Sypaýyçylyga, ötünç soranyñada dü$ünenok. "Dost sen gelsene gyra" diýip oglany gyra çekdim.
Gyzam geldi. Biziñkilerem henizem kellelerini galdyryp maña
seredýãrler, öñde maña gara$yp durlar. Oglana yuwa$lyk bilen "Dost,
bolýa bagy$la diýdim. Ýanyñda gyz bar, dawala$yp durmaly. Señ
üçinem gowy bolmaz, meñ üçinem, gyz üçinem. Men saña adresimi
bereýin, ýa sen ber, ikimiz dü$ün$eli arkaýyn" diýdim. Oglan ýagdaýyñ
çynyrgap ugranyny görüp çekindimi ÿa bagy$la diýenim üçin
ýum$adymy bilemok, adresem bermedi, adresem almady, "Bolýa dost"
diýip gitdi. Öz ýanymda gyz barka-da 2 gezek dawa-jenjel etdim.
Birinjisi, gyz bilen bir magazine girdik. Magazinde 3-4 sany oglan bar
ekeni. Oglanlañ biri erbet hapa gürleýãr. Magazinde mü$deri bardyr
öýdenok. "Aý muny beýtdim, $uny $eýtdim, pylana pylan ederin
diýdim" diýip bolmajy boldy. Gyzyñ ýüzine seredýãn welin, gyzyñ ýüzi
ajy çigit çigitlãn ýaly. Köp durmaly diýip gyz çykaly diýdi. Magazinden
çykyp barýarkagam ýañky oglan magaziniñ eýesine bize e$itdirjek
bolup "Zat almajaklary magazine sokmaly dãl-dâ senem" diýdi.
E$itmediksirãn bolup çykdyk. Ýöne men gaharymdan ýaña özümi
$arpyklasym gelýârdi, gyza-da bildirmejek bolýardym. Beýlerãk
gidibem gyza "$u taýda 5 minut gara$, men bazardaky bir tany$
oglanymy görùp gaýdaýyn " diýip ýañky oglanyñ ýanyna gaýtdym.
Barsam, ýañky oglan henizem otyr ekeni. "Dost, ýañy çykyp barýarkak
nãme diýdiñaý sen, ýanymda gyz bardy, sorap bilmedim " diýdim.
Sene-mene boldy, magaziniñ eýesi magazinde bir zat bolaýmasyn diýip
meni kö$e$dirjek bolup aralady. Beýleki oglanlaram onuñ adyndan
ötünç sorady. Ol barmana-da oglan ýumruklady meni. Ýumrugy
ýüzüme degen bolsa gowy boljakdy, sebãbi elindäki ýüzigi ýañagyma
çalaja degip geçdi, ýañagymda çalaja çyzyk emele geldi. Men topulyp
bilmedim, sebãbi meni iki bolup saklaýardylar, birem beýleki oglany
saklaýardy. Bir seretsem gyzam gelipdir, "McM, näme edýäñ sen?"
diýip gygyran wagty bilip galdym. Gaýtdyk soñ, utanjyma öýüne
ta$laýançam ýüzüne seredip bilmedim. Sagbolla$yp durkak "Ýüzüñe
kremjagaz çal, köýnegiñem jübisi ýyrtylypdyr" diýdi. Dawala$anym
üçin buýsanamokdym, ýöne $ol dawany etmelidigime ynanÿardym. Epesli wagt Tony Montana ýaly, $ram bilen gezdim. kinji gezegem, gyzyñ
garynda$ynyñ doglan güni bardy, men oña "Öýden irrãk çyk, aýlanarys.
Soñam men seni garynda$laryña oklaryn" diýipdim. Aýlandyk,
garynda$larynyñ ýa$aýan ýerine bardyk. Garynda$larynyñ öýüne ýetip
barýarkak, bir domyñ gyrasynda, 4-5 sany 17-18 ýa$laryndaky oglan,
öz deñ-du$ oglanyny orta alyp depip durlar. Çetrãk, çolarak ýer bolany
üçin aralaýanam ýok. Gyz näçe islemese-de aralaýyn diýip bardym
"Dost beýtmäñow, erkek boluñ, boldy ediñ" diýip. Oglanlar duryp maña
seredip ba$ladylar. $ol wagt bilip galdym agzymda ledeness bardygyny.
Gyz garynda$larynyñ çagalaryna niýetlãp birnãçe ledeness alypdy,
menem ol ledenessleriñ birini alyp agzyma salypdym. Oglanlañ bir
oglany depip duranyny görübem ledenessi ýatdan çykaryp ylgapdyryn.
Agzymdaky ledenessi agzymyñ içinde eýlãk-beýläk oýnadyp "Dost
beýtmäñow, erkek boluñ, boldy ediñ" diýipdirin, agzymdan ledenessiñ
sapy çykyp dur. Bu ýagdaýda kim seni çyna alsyn, oglanlaram çyna
almady elbetde."Bareý dost i$iñ bilen bol, ýogsa senem ara alýarys
hãzir" diýdiler. Çalarak sene-mene boldy, gyz ýene meni ãkitjek bolup
geldi, sebäbi ol taýda sãhelçe dursam menem ara alaýmaklary hem
ahmaldy. Entãgem domdan bir daýza göripdir, âpi$geden " Milisã jañ
etdim, iki minutdan gelýârler" diýip gygyransoñ dagadylar. Depilip
duran olganam $ol domda ýa$aýar ekeni, o-da doma girdi. Menem gyzy
garynda$laryna ta$lap gaýtdym. $ol daýzany görsem boýnuna medal
dakjak hâzir, ol gygyrmadyk bolsa menem ara alyp top depen ýaly
depýârdiler. Bu ýagdaýda gyzyñ reakssiýasy hem wajyp. Kâ
ýagdaýlarda çyndanam dawa-jenjel etmeli bolýar adam pahyr. Erkek
adam, namysyna deglen ýaly bolýar. Soñ, gyz muny dramala$dyryp
ulaltmalam dâl köp. Wakanyñ gyzgynlygy bilen gaharlansañ gaharlan,
ýöne muny ulaldyp dramala$dyrmagam gerek dãlmikã diýýãn. Bir dost
oglanymyñ hala$ýan gyzy bardy. Oglan, $ol gyz üçin, ýagny özi üçin
ur$dy diýip sögü$diler, ýara$madylar soñam. Waka nãhili bolýa
diýsene: Bu dost oglan bilen tázeräk tany$an hala$ýany, naharlanmak
üçin bir ýere baryp oturýarlar. Soñ, hool beýlede naharlanyp oturan
oglanlaryñ birem gyza göz gyrpýar. Biziñkem muny görùp ol oglany
da$ary çagyrýar. Da$arda-da ur$ýarlar. (Bu ýagdaýda men bolsam,
menem ur$ardym). Soñ gyz gelip meñ dost oglanyma gygyrýar:
-Nãme ur$ýañ çaga ýaly? Sen bizi giden ýerimizde $eýdip masgara edip
ýörjekmi?
"Nâme ur$añ çaga ýaly?", $eýlemi? Ehh jora jan, hala$ýan gyzy bilen
otyrka, ba$ga oglan hala$ýanyna göz gyrpanda oglanyñ ur$magyny
islemeýãn jora jan, sen bilýãn dãlsiñ; Ol, sen ýokkañam küýsãrdi
çagalygyny...
"HYTAÝ-DA 7 ÝYL"
Ertir.com-yñ agzalary bolup kino dü$ürsek nãhili bolarka? Bârde herhili
agza bar, eýsem aramyzda kino dü$ürip biljek, kino ýa-da serial
ssenariýasy ýazyp biljek agzalar barmyka? Meñ özüm-ä eger-de
mümkinçilk bolsa kino dü$ürmek islârdim. Ssenariýam hem taýýar.
Ýeneki ýyllarda belki-de kino bolar bu ssenariýa. Men $ol ssenariýanyñ
gysgaça mazmuny barada siz Ertirde$ dostlaryma gürrüñ bermekçi.
Soñ-soñlar, kinosy dü$ürilen wagty ýatlap,"Hâ, bu kinonyñ
ssenariýasyny öñ okapdym" diýip, töweregiñizdãkilere gürrüñ
berersiñiz. Hany onda, ba$lalyñ. Kinoñ ady: Hytaýda 7 ýyl Kinoñ
gysgaça mazmuny: Bir gün, McM öýde palaw iýip otyrka onuñ ýanyna
Azadoff gelýâr. Azadoff McM-e ,"McM, Ertir.com diýip bir saýt bar.
Men $ol saýtda bir gyza a$yk boldum. Ýöne men ol ýere agza dâl. Agza
bolmasamam ol gyz bilen aragatna$yk edip bilemok. Ne dostluk
ugradyp bilýân, ne-de yzarlap bilýân. Agza bolaýyn diýip nâçe
synany$samam, agza bolup bilmedim. Sen geçiñ öñ aýagy ýaly hemme
zada akyllysyrap burnuñy sokýañ. Eliñden gelse maña kömek et. Hol
gün "Agajanh bilen men dost" diýip pañlaýardyñ. Gaýrat et-de meni
registrassiýa etdir" diýýâr. McM bolsa, "Hâzir gara$, Agajanh-yñ
nomeri bolmaly mende" diýýâr we Agajanh-a jañ edýár. Agajanam
nãtany$ nomer diýip alanok. McM gaharlanýar we geýinip Azadoff
bilen Agajanh-yñ öýine tarap gitmek üçin ýola dü$ýâr. Bular ýolda
Parikmaher agzany hem alyp Agajanhlara barýarlar. Agajahnam
dostlary Oliver Quinn we Engineer bilen çaý içip dutar çalyp dessan
aýdy$yp oturan ekenler. McM, Agajahn-a ýagdaýy dü$ündirýâr.
Agajahn hem dutaryny ýere goýýar, käsesinden çaý owurtlap bir keleme
söz aýdar bolýar. Gör bak nãme diýýár:
-Sizi bu sypatyñyz bilen Ertir-e agza etmegã beýlede dursun, myhman
edibem sokmaly dál. Sypatyñyz nâhili, e$ek ogrusyna meñzeýársiñiz.
Bu sypatyñyz bilen nâdip ölmãn ýörsiñiz? Bu sypatyñyz bilen siz uzak
ýa$amarsyñyz, basym ölersiñiz" diýýár. Parikmaher gaharlanýar we
olaryñ üstine topulýar. Azadoff-da aýagyndaky rezin $ypbygy çykaryp
Agajahna zyñýar, ýöne degmeýâr. Sene-mene ba$laýar, Agajanh, Oliver
Quinn bilen Engineer-a Azadoffy we Parikmaheri depdirÿâr. Soñ
birdenkã McM-i depdirmãnligi ýadyna dü$ýâr, onam depdirýâr.
Azadoff, Parikmaher we McM, Segawaý-e münip gaçýarlar. 3 dost,
oturyp maslahat edýârler, "All is well" diýýárler we ar almak barada
kasam içýârler. Olar, kung-fu öwrenmek üçin Hytaý-a gitmâni
ýüreklerine düwýârler. "Aý, ýol kireýimizi dürsese-de bolar" diýip
Hytaÿda satmak üçin hersi iki halta çigit alyp Hytaýa barýarlar. Ýöne
Hytaý-yñ tomojnylary çigitleri alyp galýar. Sebâbi Hytaýa adam ba$y 1
gysym çigitden köp geçirmek bolmaÿar ekeni. Bular lapy keç bolup i$
gözleýârler. Parikmaher-iñ elinden i$ gelensoñ, ol bir parikmaherde i$e
durýar. Azadoff bilen McM-em, iñ soñunda bir naharhana-da pol
ýuwýan we gap-gaç ýuwýan bolup i$e durýarlar. Bular, her bir
Türkmen ýigidiniñ "Gullukda ofisserlere özüni aldyry$y" ýaly, ba$lyga
özlerini aldyrýarlar we ösýârler, aýlyklary galýar. Soñ, bular gözlãp
agtaryp Kill Bill-dãki ak sakgally Kung-fu ussadyny tapýarlar we onuñ
okuwçysy bolýarlar. Aradan 7 ýyl geçýâr. ndi Kung-fy-nyñ
ãhlisyrlaryny öwrenip, ussat Kung-fujy bolýarlar. Kill Bill-dâki ak
sakgally ýa$ulydan rugsat alyp Türkmenistana gaýtmakçy bolýarlar.
Olar Parikmaher-iñ ýanyna baryp " Bizã gidip barýarys Watana, senem
gel" diýýârler.Parikmaher hem " Ýok men entãk birazajyk bãrde
bolmakçy. Hytaýda 1 millarddan köp adam bar. Saçyny deñledýânem
kân. Maña gowy dü$ewünt dü$üp dur. Men soñrak bararyn" diýýâr.
McM bilen Azadoff-da "Aý öziñ bil, line-dan habarla$yp dur" diýip
Türkmenistana gaýdarlar. ndi habary kimden al, Agajahn we
dostlaryndan al. 7 ýyl geçse-de Agajahn-yñ durmu$ynda kãn bir
ùýtge$iklik bolmandyr. Oliver Quinn, töwerekdãki it-pi$igi kowalap
peÿkam bilen atyp, türgenle$ip ussat okçy bolupdyr we Ra's al Ghul-yñ
ýerine Al sah-him bolup geçip dagda ýa$ap ýören ekeni. Engineer bolsa
Neapol-da injenerçilik okajak diýip öýùnden çykýar we Neapola gitjek
diýip ýalñy$lyk bilen Nepal-a gidýâr. Gidip barýarka ýolda Amyderýa
gaçýar we ony mal bakyp ýören bir çopan halas edýãr. Ol "Men indi yza
gaýtsamam edere i$ ýok" diýýâr we Neapol-a gitmegi goýbolsun edýâr.
Çopanyñ ýanynda ýa$ap ba$laýar we çopandan gargy tüýdük çalmany
öwrenýâr. Soñ, çopanyñ gyzyna öýlenýâr we toýlarda gargy tüýdük
çalyp güzeranyny görýâr. McM we Azadoff dolanyp Türkmenistana
gelýârler. Igdir we Ýaran agza-da gelip bulara Agajanh we dostlary
barada gürrüñ berýárler. McM we Azadoff " Oho, Agajahn-yñ dosty
galmandyr, tüýs biziñ gözleýãn pursadymyz, ýör gidip depeli" diý$ip
Kimanolaryny geýip Agajahnlara barýarlar. Agajahn bularyñ
geljeginden eýýâm habardar bolmaga çemeli, çaý içip oturan ýerinden
bytnaman birje sykylyk çalýar. Agajahnyñ beýleki dostlary bukulyp
ýatan ýerlerinden çykýarlar. PiKNK, Pikir 123, Metall, go_further,
Batyr_DäDe, Hyra, MarWin, panic, Türkmen Medrese...Azadoff bilen
McM geñ galyp aljyraýarlar. Ýöne Kung-fu bolansoñlar, azajyk kö$e$ip
stoýka durýarlar. Agajahn-yñ öñünde indi iki sany çykalga bar: Ýa
nãme bolsa bolsun diýip ur$maly, ýa-da McM we Azadoff-y Ertir-e
agza etmâge boýun bolmaly...(Soñunyñ nâhili gutarýanyny kinoda
görersiñiz)
Kinodan kãbir dialoglar:
Agajahn bilen McM, gürle$ip durlar. Kamera olaryñ töwereginde
aýlanýar. Hüw hùw hühü hüw, hüw hüw hühü hüww (Kill Bill-iñ
muzykasy) McM: Agajahn, dost, sen nãme üçin Azadoff-y agza
edeñok? Agajahn: Maña dost diýme, men seniñ dostuñ dâl...
Parikmaher: Hytaýlylar tomojnyda çigidimizi alyp galdylar. Azadoff:
çigaragalmy$...
Batyr Dâde: Bular kung-fu öwrenipdirler. Bizi depãýmesinler? PiKNK:
Ýetikmi doo...
Metall: Kung-fu bolanda nãme bular, biziñem elimizde metal bar, demir
bar. Hãzir suwyny çykararys bularyñ..Türkmen Medrese: Amin
n$aAllah...
Panic: Bliiin, Kill Bill-dãki ak sakgally gojadan Kung-fu öwrenipdirlerow bular.
Hyra: Panika döretmesene dost...
Rollarda:
McM - Denzel Washington
Agajahn - Sean Penn
Azadoff - Kevin Costner
Oliver Quinn - Stephen Amell
Parikmaher - Jonny Deep
Engineer - Rober de Niro (Robert de Niro-nyñ Amyderýañ gyrasynda
gargy tüýdük çalyp oturanyny göz öñüze getiriñ)
Igdir - Ray Liotta
Ýaran - Vin Diesel
Batyr DäDe - Al Pacino
Panic - Curtis Jackson (50 cent)
Go_further - Cristian Bale
Hyra - Hugh Jackman
PiKNK - Alec Baldwin
Pikir123 - John Trawolta
MarWin - Jason Statham
Metall - Bruce Willis
Türkmen Medrese - Türkmen Medresäñ özi.
Bellik: Ady agzalan agzalary gaty görmezler diýip ýazdym. Gaty
görseñiz, adyñyzy aýyraryn. Nemetmãñ
"ASMAN"
Hol gün, howlugyp gidip barýarkam öz çagalygyma gabat geldim.
"Nähilow, gowumyñ? diýdim. "Gowy" diýdi. "Men, 20 ýyl soñky sen"
diýdim. "Bäh, nätdiñaý?" diýdi. "Nirâ barýañ?" diýdim. "Mugallymy
aldap jogap aldym. Okuwdan bizar boldum" diýdi.Da$ ke$bine
seretdim: balagy kirlenipdir, köw$üniñ ujunyñ reñki top depmekden
ýaña solupdyr, kostýumynyñ ýeñinde sümügiñ yzy bar. Egninde-de özi
bilen boýda$ sumkasy bardy. "$u bol$uña bir seret" diýdim. "Saña
ýüregim awaýar". "Sen nirã barýañ?" diýdi."$im bar gyssagly" diýdim.
"20 ýyl geçdi aradan, durmu$yñdan razymyñ?" diýdi. "Señ 20 ýyl öñki
arzuwlaryñ hasyl boldy, durmu$ym erbet dâl. ndi öñki çaga dâl men."
diýdim. "Dü$ yzyma" diýdi.Kommerçeskä gidip Sega oýnadyk. Ma$yn
ýary$da meni utdy. Doñdurma aldy, magaziniñ eýesine "Oýunyñ we
doñdurmanyñ puluny mundan al" diýip meni görkezdi. Ol barmana
kommerçeskä çagalykda iñ gowy görü$ýãn dost oglanym Döwran girdi.
"Ohoow, gel hany" diýip begendim. O-da mugallyma "Toýa gidýäris"
diýip aldap okuwdan gaýdypdyr. Oñ bilenem Sega oýnadyk. Ýene
utuldym. Doñdurma aldy o-da. Puluny töledim, soñ kommerçeskiden
çykdyk. Asman ajayypdy...
Soñ biziñ öýümiziñ gabadyna gelip durdyk. Ýarym sagat Döwran bilen
lakgylda$dyk. Döwran öýüne gitdi, bizem öýe gelip çaý-çörek iýdik.
Çaý-çörekden soñ "Gel göre$eli" diýdi. Derrew a$agyma aldym. "Sen
çyna gidýäñ-ä" diýip torsaryyldy. Soñam elimizi bir-birimiziñ egnimize
goýup howla çykdyk. Howludaky demirleriñ arasynda ýa$aýan möýe
siñek oklamakçydyk. Bo$ otluçöp gutysynyñ içine azajyk bal goýup
gapan gurdyk. 1 minut soñ gapana siñek dü$di. Siñegi möýüñ kerebine
eltip çöpjagaz bilen otluçöp gutysyndan çykardyk. Siñek kerepden
sypmaga synany$dy, emma $ol wagt möý gelip siñegi alyp gitdi.
Gülü$dik. Soñ Döwran geldi. Öyüñ beýlerãginde bo$ meýdança bardy.
Otlaryñ içinde elimizi kellämiziñ a$agynda goýup üçimizem ýatdyk.
Hiç zady gaýgy edemzokdyk. Ondan-mundan gürle$dik, arzuwlar etdik.
Klasda$ymyz Nabad-yñ gybatyny etdik. Oglanlaryñ hemmesini diýen
ýaly urýardy. 2-3 ýyl soñ ulalarys, $onda-hä uryp bilmez diýip
ynjaldyk.Ýoldan geçip barýan deñ-du$ gyzlarymyza seredýârdik.
Kãbirine a$yk bolýardyk. Ýöne söýgi näme bilemzokdyk. Ol barmana
Döwran "Top oýnaly" diýdi. Emma topumyz ýokdy. "Kerimde bolmaly,
özünem çagyrarys" diýdi. Kerimi almaga gitdik. Ol döwürde sotowyý
telefon ýokdy. Kerimem geldi, ikã bölünip top oýnap ba$ladyk.
Derwezãñ aralygy 2 ädim bolsun diýdim, 3 bolsun diýip dawa etdiler.
Bolýa diýdim. 5 goly kim öñ salsa, $ol ýeñiji. Çagalygym, ökde
oýnaýardy, aýagyndaky topy almak kyndy. $onda-da biz ýeñdik. Soñ
üý$üp Kerimleñ öýleriniñ gabadyna geldik. Kerimiñ bizden iki ýa$ kiçi
jigisi dostlary bilen, goñ$y-golamyñ çagalary bilen bukuldym
oýnaýardylar. Bizem olar bilen oýnadyk. Goñ$y daýzasy "Bizar boldum
siziñ sesiñizden, gidiñ ba$ga ýerde oýnañ" diýip äpi$geden gygyrdy.
Hiçkim ony diñlemedi. Ýadaýançak oýnadyk. Ajygypdyk. Kerim
öýlerine gidip çörek getirdi. Skameýkada oturyp gury çörek iýdik. Ýöne
ol çörek, dadyp gören ãhli tagamlarymdanam lezzetli ýalydy. Soñ,
dagadyk, herkim öýüne gaýtdy.Öýüñ öñündãki agajyñ düýbinde
oturdym. Gün ýa$yp gelýârdi. Asman ajaýypdy. Günüñ ýa$y$yny
synladym.Çagalygym, öñüme geçip gürlãp ba$lady:
-Men her gün $u ýerde, $u meýdançada. Sen bolsañ günbe-günden ýitip
barýarsyñ... Gün geçdigi saýy, bir gün öñki günüñi küýseýãrsiñ...
Durmu$yñ gün saýy çyl$yrymla$ýar...Hoool ýa$yp barýan güni
görýâñmi? ne bir gün onam görmersiñ... Hemme zat gowy bolar diýip
özüñi aldaýarsyñ, ýöne gowy bolup barýan zat ýok... Seniñ durmu$da
eýe bolan zatlañ, eýýãmden saña, özüñe eýe bolup ba$lady...
Arzuwlarym hasyl boldy diýýãñ welin, öz-özüñi aldaýan bolaýma? Meñ
bolsa ãhli gaýgym, meýdançada top oýnamak, top oýnan wagtymyz size
ýeñilmegim, göre$de menden üstin çykmagyñ. Ba$ga derdim-aladam
ýok meniñ.
Jogap berjek boldum, damagym doldy."$u bol$uña bir seret" diýdi.
"Saña ýüregim awaýar"...
"Boldy et indi, bes et diýýãn" diýip gygyrdym. Gözümiñ dolandygyny
bildirmejek bolup çilim otlap ýokaryk seretdim. Asman ajaýypdy...
"OÝUN"
Orta mekdebi gutaran ýylymyz, maýyñ ortalaryna, klas ýolba$çymyz
we $ol sanda Himiýa mugallymymyz, 9-njy we 10-njy klaslar arasynda
oýun (teatr) basle$igi boljakdygyny, $ol básle$ikde ýeñiji bolan klasyñ
etrapda gurnaljak oýun bâsle$igine gatna$jakdygyny aýtdy. 9-njylarda
4, 10-njylarda-da 4 klas bar, jemi 8 klas gatna$malymy$. Klaskoma
oýunda oýnajaklary saýla diýdi. Klaskom, oýnajaklary saýlady, menem
baryn aralarynda. $unça "Ýok men oýnamaýyn, utanaryn" diýsemem
diñlemediler. "Repetissiýa bahanasy bilen sapaklara-da girmeris ehe
ehe" diýip kabul etdim. Men, il-güniñ deregine ýarap ýören garry
ýa$uly rolynda oýnamalydym. Ssenariýa-da bolgusyz ssenariýa,
mugallymyñ özi çyr$apdyr. (Kisloroda "gizlorod", my$$ýaga "my$$ak"
diýýãn Himiýa mugallymdan ullakan zada-da gara$maly däl
aslyýetinde)
$onda-da biz gowy taýýarlandyk, gyzlar öz makiaj seri$deleri bilen
hemmämizi reñklãp çykdylar, Golliwud-yñ makýorlaryndan kem galar
ýaly däl tüweleme. Meñ saçyma-da agarsyn diýip pudr sepdiler,
gözlerimiñ a$agyny gara galam bilen garaladylar, garaz 17 ýa$yndaky
çagany 77 ýa$yndaky ýa$ula öwürdiler. Aýnada özümi görkezdiler,
mãhriban, ýardam söýüji ýa$ul-a beýlede dursun, arwah ýaly bir zat
bolupdyryn, $ol bol$uma öýe barsam, ejemem tanamaz, Lord of the
Ring-de Frodo-nyñ yzyna dü$üp ýören Gollum ýaly bir zat bolupdyryn.
Ýadygârlik bolsun diýip $ol bol$umyz bilen surata-da dü$üpdik.
Suratda, meñ di$imiñ reñki ýa$yl, çynymy aýdýan. Nâdip ýa$yl boldy
bilemok, ýa narkoz berip agzyma nas dykdylarmy ýa oturtma di$
dakdylarmy bilemok. Öñem-ä sypatym ýok welin, i$imi gördüler. "Aý,
oýun üçinle, herkime-de makiaj etdiler-ä" diýip ynjaltdylar. Menem
derrew Mollanepes teatrda çyky$ edýân ussat artist ýaly duýup ugradym
özümi, roluma girdim:
-Adamlar, eziz adamlar! Men teatr sahnasynda, oýun oýnap durkam
ölmek isleýârin!!! Eger men ölãýsem meni Mollanepes teatrynyñ
podwalyna gömüñ!!! Wesýet edÿárin! Birnäçe gezek repetissiýa geçdik
klasda. (Göz öñüñize getiriñ, adaty günlerde "Bliiin,meñ zajigalgamy
haýsy g..don aldaý? Çilimimden almañow p....zlar, ag$ama ýetirmãn bir
paçka çilimiñ i$ini gördüñiz, özüñize çilim-zajigalka alyñow" diýip
agzyña gelenini sögüp ýören klasda$ oglanlaryñyzyñ öñùnde
"Gadyrdan, eger-de siz arak diýilýãn merezi ta$lamasañyz we gelniñize
azar berãýseñiz, onda biz gatyrgany$maly bolarys" diýip, mähriban,
ýardam söýüji ýa$uly rolunda oýnaýarsyñ).
Bäsle$ik güni ýetip geldi, bäsle$ik mekdebiñ sport zalynda. E$ik
çal$ylýan ýerde gara$yp otyrys gezegimize. Hemme zat gurnalan, 5
sany jýuri bar, hemme zada $olar baha berýârler. Mekdebiñ direktory,
iki sany zawoç hem jýurileriñ arasynda, iñ öñde otyrlar jýuriler. Oýun
oýnaljak sahnañ gyrasynda-da "DJ" bar, oýunda gerek bolýan
muzykalary ol organizowat edýär. Kassetany berýârler, kimiñ oýuny
ba$lasa her klasdan biri durýar, kassetany goýmaly ýerinde kassetany
goýup muzykany berýâr. Meñ sahnamam oýunyñ iñ soñragynda. Nähili
diýsene: Meniñ oglum bir edarañ ba$lygy. Menem oglumyñ ýanyna
barýaryn. Gapy açyk, ýöne sekretar$a meniñ gelenimi görenok. Soñ,
edil $ol wagt sekretar$a adamsyndan telefon gelýâr. ($ol wagt, dj play-e
basmaly, telefonyñ sesi üçin) Sekretar$a trubkany galdyryp gürle$ip
ba$laýar. Telefonda adamsy bilen gohla$ýar, sebãbi adamsy köp içýâr.
Aglap, trubkany goýýar. Ana, $ol wagtam men "Gyzym, seniñ
zeýreni$iñi e$itdim. Men saña kömek ederin" diýip tãzeden sekretar$añ
adamsyna jañ edýârin. Oña "Gadyrdan, eger-de siz arak diýilýãn merezi
ta$lamasañyz we gelniñize azar berseñiz, onda siziñ bilen
gatyrgany$maly bolarys" diýip käýýän bolýan. Soñam trubkany goýup
"Keýigim, indi aglama, ol hiç haçan arak içmejekdigine maña söz berdi"
diýip 20 ýyllyk alka$a 1 sözlem bilen aragy goýdurýaryn. (20 ýyllyk
alka$ seni diñlärmi diýsene, tananok edenok, señ 1 sözlemiñ bilen aragy
goýýar, $eýlemi? Ssenariýa bolgusyz diýip duýdurypdym) Biziñ
gezegimiz geldi, meñem sahna girmeli gezegim gelip ýetdi. Men,
güpür-tapyr ylgap sahna geldim. Gelenimem $oldy welin, dj dutaryñ
sesini goýberdi. Menem geñ galdym, biziñ oýnumyzda dutar ýoga, men
giren wagtym telefonyñ sesi gelmeli diýýän. Ýalñy$ kasseta
goýupdyrlar. Soñ, dj hem ýalñy$ kasseta goýanyny bilip dutarly
muzykany saklady. Ýöne henizem telefonyñ sesi gelenok. Aý, gara$yp
öldüm, telefon dagy gelâýenok. $ol wagt, da$yndan seretseñ, il-günüñ
deregine ýarap ýören ýa$ula däl-de, eýsem, elini jübisine sokup,
ýa$ajyk gelini kesesinden synlap duran golodnyý ýa$ula meñzeýãn.
Sekretar$a gyzam ýadandyrda gara$yp, agzyndan "Jyrrrrr, jyrrrrr" diýip
ses çykardy. Meñ bir gülkim tutdy, birden wahahaýlap gülip ba$ladym.
Oýun, bäsle$ik, direktor, jýuri, hiçzat barada pikir edemok, jak-jaklap
gülýãn. Gyzam saklanyp bilmedi, olam gülüp ba$lady. Biri-birimize
seredip däli ýaly gülýäris. Toma$açylar hiç zada dü$ünenok, oýun
$eýlemikâ diýýârler, zal dym-dyrslyk, diñe ikimiz gülýáris. Soñ,
kö$e$dik azajyk, men sekretar$a göwünlik berdim. Adamsyna $ol
minutda aragy goýdy. Hä, soñ, sekretar$a maña sagbolsun aýdyp "Sag
boluñ, minnetdar" diýip meni gujaklamaly. Sekretar$a meni gujaklan
wagty yzrakda oturan 2-3 sany toma$açy güldi. Gülkiñ tutup durka biri
gülse señem gülkiñ tutýar.Men öñem zordan saklanyp duryn,
sekretar$any gujaklap gülip ba$ladym, sekretar$ada meni gujaklap
gülýär. Garaz,oýunyñ i$ini gördik, iñ soñunjy orny eýeledik. Oýun
gutardy, men klas ýolba$çymyz göräýmesin diýip ýüzüme gara maska
dakdym, e$ik çal$ylýan otagyñ äpi$gesinden ýüp oklap ýüpden syrygyp
gaçdym. Ana $eýle Ertirde$ler, $eýdip masgara bolduk. Muña-da
$ükür. Adamyñ ba$yna has erbet ýagdaýlar gelýâr.
Meselem: Aý - ra - lyk...
"McM-IÑ PIKRINE GÖRÄ GARRYLYGYÑ ALAMATLARY"
1- Ýetginjekkãñ oýnuny gören köp futbolçylaryñ trener bolandyklarny
görmek. (Loran Blanc, Didier Deschams, Roberto Carlos we $.m)
2-Kalendara seredeniñi duýman galmak.
3-Kiçikãñ, töweregiñdâki 40-50 ýa$yndaky daýylañ-daýzalañ dünýâden
göçüp ba$lamagy.
4-Gawun iýip otyrkañ öz ýanyñdan "Gawunlaryñ tagamy öñki
gawunlarça ýogaý" diýeniñi duýman galmak.
5-Dostlaryñ köpüsiniñ öýli-i$ikli, çagaly-çugaly bolmagy, okuwy
gutaran ýylyñyz öýlenen klasda$yñyzyñ oglunyñ 1-nji klasa ba$lamagy.
6-Awtobusda barýarkañ özüñe "Men entâk ýa$" diýdirjek bolup,
awtobusa münen garry ýa$ula ilkinji bolup ýer bermek. (Öñlerem
berilýârdi, beýle diýsem nemedâýmãñ)
7-Köçede top oýnap ýören çagalaryñ topy saña tarap gelende çagalaryñ
"Daýy, topy oklasana" diýip gygyrmaklary.
8-Kiçikä gar$okda oturan wagty "Ejeeee bolduuum" diýip aglaýan
jigiñiziñ, gullugy dynyp gelmegi we "Agam, göwnüñe degýãn barmy,
aýdyber hehe" diýip degi$megi.
9-Ýene awtobusa münen wagtyñ, 10-12 ýa$ly çagalaryñ öz aralarynda
seni görkezip "Daýa sen ýer ber-de sen ýer ber" diý$ip dawala$magy
we seniñ olary e$itmediksirän bolup ýanlaryndan geçip gitmegiñ.
10-Tehnologiýadaky özgeri$ler, ösü$ler.
11-Öñki ýa$an ýeriñden geçip barýarkañ, ãhli zadyñ üýtgãndigini
görmek, "Bää, $ujagaz ýerde oýnardyk, hojagaz ýerde Myratlaryñ
kommerçeskisi bardy" diýeniñi duýman galmak.
12-Özüñden 2 ýa$ kiçi gyz jigiñ bäbejigini gujagyña almak.
"OÝNAMA DIÝMEDIMMI SAÑA $U KIRLI ÇAGALAR BILEN"
Çagalyga ýañy gadam basan oglan, $u sözlemi e$itse özüni nãhili duýar
siziñ pikiriñizçe? Meñ pikirimçe erbet duýar, ýadyndan çykarmaz hiç
haçan. Menem ýatdan çykarmadym. Ondan bâri nâçe wagt geçdi,
entãgem ýadymda. Çagaka herkimem ba$galary kemsidendir, köpüsi
ýadymyza-da dü$mez, emma kâbirleri ýatdan çykmaýar. Ejem, "Oglan
çaga ýykylyp-sür$üp ösmeli, güýçli bolmaly" diýip ulaltdy meni.
Çagalygymy çaga ýaly geçirdim, Hudaýa $ükür. Köçede topam
oýnadym, bukuldym oýnan wagtym ma$ynyñ a$agynda-da bukuldym,
dyzymy, tirsegimem ganatdym, ur$am etdim, welosipeddenem
ýykyldym. Garaz, çagañ ba$yna geläýjek ähli zatlar ba$yma geldi.
Goñ$y doma täze ma$gala göçüp gelipdi, biz deñ-du$ ogullary bardy.
Maksat. Maksat, biz ýaly garaýagyz Türkmene meñzänokdy, saryýagyz
sypaty bardy, ors çagalar ýalydy. Bizem ol ýekesiremesin diýip derrew
aramyza go$dyk. Biziñ da$arda geýýãn egin-e$igimzem görer ýaly däl,
gum, palçyk, tozan. Maksadyñ üsti-ba$y bolsa her wagt arassajady. Biz
bilen top oýnanda köplenç derwezede durýardy, $onda-da e$ikleri
kirlenenokdy. Top degäýse-de derrew arassalamak bilen bolýardy. Ýene
bir gün, köçede top oýnap ýörkäk api$geden Maksadyñ ejesi gygyrdy:
-Maksaaaat, oýnama diýmedimmi saña $u kirli çagalar bilen...
Maksat utandy, biz utandyk. Utanmagam däl-de, beýle sözleme
hijimizem gara$amzokdyk. Meñem töweregimdäkileriñ aýtmy$yna görä
"Samsygrak" häsiýetim bar. Ýanymdaky ýolda$yma biri erbedräk söz
aýtsa, söz aýdylandan beter men öñe çykýaryn. Özüme aýdylan ýaly.
Hawa, hiçkimem meñ goragyma mätäç däl, $onda-da öz sylaýanlaryma
biri bir zat diýse maña diýilýãn ýaly bolýan. Aslyýetinde köp ki$i $eýle.
Ýöne men hasam ozduran öýdýän, bir gezegem 4-nji klasda top oýnap
ýörkãk klasyñ iñ ökde okuwçysy ýalñy$lyk bilen topy depip aýnany
döwüpdi. Hemmämiz aljyradyk, soñ men ol oglana "Sen iñ ökdämiz,
saña 2 lik goýaýmasynlar, mugallyma aýnany men döwdüm diýjek"
diýipdim. Diýdimem diýmesine welin, gyzlar tüweleme bol$y ýaly
aýtdylar mugallyma. Geñ galaýmaly, bet mugallymam welin ikimize-de
hiç zat diýmedi, ene-atamyza-da aýtmady. Näme diýip otyrdygaý? Hä,
Maksadyñ ejesi beýle diýensoñ, hemme zada bol$una görâjik jogap
berýãn men, jogap berip bilmedim. Agzymam açyp bilmedim hat-da,
diñe bokurdagym doldy, gözüme ýa$ aýlanan ýaly boldy. Çaga-da
bolsak ýürejigimiz agyrdy. Ýolda$laryma seretdim, biri gözüni
çüýjerdip Maksadyñ ejesine seredýârdi, beýleki topy gujaklap alyslara,
ýene biri ýere seredip aýagynyñ ujy bilen ýerdãki da$lary depýârdi.
Menem lal açan ýalydym:
-Bolýa gelneje, ogluñ biz kirliler bilen oýnamasyn, öýde señ makiaj
seri$deleriñ bilen oýnasyn- diýip bilmedim. Hä, häzirem diýip bilerin
öýdemok. Okuwy gutarmankagam ba$ga ýere göçüp gitdiler. Wah
gelneje, sen $ol "kirli oglanlara" häzir gabat geläýseñ. Biz näme seni
kemsideris öýdýäñmi?
"DOGLAN GÜN"
Salawmaleýkim Ertirçiler. Orazalaryñyz kabul bolsun, ýeneki ýyllara-da
Hudaý ýetirsin. Men Ankara-da talyp. Mundan beýlägem nesip bolsa
Ankara-da ba$ymdan geçen täsin wakalary ýazmagy makul bildim.
Hany nesip edeninden ba$lalyñ onda.
Okuwdan ýadap sagat 3 töweregi kwartirama geldim, garnym ajam
bolsa, turamsoñ iýerin diýip ýatdym. Bir wagt soñ, telefonyñ sesine
oýandym, jañ edýân kursda$ oglanlarymyzyñ biridi.
-Alo McM, nãme edýársiñ?
-(Oýaly ukyly bu soraga gaharym geldi) Näme edýãnmi? Nãme edeýin,
negr reperler ýaly egnime magnitafon goýup köçeden geçýãn gyzlara
"Ýoww, ýoww" diýip lak atýaryn.
-He he, eý pylanyñ doglan güni bar bugün. Sagat 6-da gel senem pylan
kafe
-Öñrãkden aýtmalyda how, bu nãme turanyñ üstine ýatan gelmesin eden
yaly..
-Turanyñ üstine ýatan nâdip gelsin? Henizem oýanañok öýdýân sen?
Birdenkã bellâliñ edi$dilerdã, sýurpriz boldy bize-de...
-Oýandym. Haý siziñ sýurpriziñize... Nâçede diýdiñ?
-6-da gel sen.
-A.m-my p.m-mi?
-Pm ag$am bolýa, 6 a.m
-6 a.m nä ag$am dãlmi? Adam oýnajak bolýañyzmaý?
-Bolýa, gel. (dyyt..dyyttt..dyytt)
Zordan turdym $eýdip, sagat 5-e golaýlap gelyâr ekeni, ýatan bolsam
1,5 sagat ýaly ýatandyryn. Gitmesin-ä hä gitmeli welin, jübüde pul ýok.
Ol diýýãn kafelerini bilýârin, gymmadrak kafe. Çaý 1,5 manat ( Lira
welin dü$niklirãk bolsun diýip manat ulandym. Bilýänler lira diýip
okabersin), iýmitem gymmat. Onsoñam bizdâki ýaly doglan güne
çagyran tölãnok hasaby, her kim özi tölemeli. Aý nãme, baryñam talyp,
ma$galañ ýok-da. Mende bolsa 20 manat, 3-4 manat ýalam demir manat
bar, garaz 23-24 manadym bar. Entãk sowgadam almaly. Stipendiýa
alýan, birem öýden az-owlak kömek alýan. Kalendara seretsem, ol
pullaryñ gelmegine-de 2 gün bar. Beýleki Türkmen oglanlardan soraýyn
diýseñem, olaram sen ýaly talyp, olarda-da bardygy gümana.
Bolaýanda-da 1 sagatda gidip almaly, ýol kireÿ, eýle-beýle... Garaz,
bolanja pulym bilen sowgatjagaz almaly hem-em kafede iýjek-içgini her
kim özi tölänsoñ, iýjek-içgimem özüm tölemeli. Okuwdan gelemsoñam
açdym welin, turamsoñ hasam ajygypdyryn. Kafe baramsoñ iller hezil
edip iyip-içer, menem dokyrak gideýin kän zat iýmez ýaly diýip,
talyplaryñ gije-gündiz iýýän iiiñ naýba$y nahary " Ýumurtga" iýeýin
diýip 2 sany ýumurtgany çakyp howlukmaç iýdim, soñam geýinip
öýden çykdym. Sowgat nãme alsamkam diýip pikir edýãn, zajigalkajyk
alaýsammykam diýsem, ol oglan çilimem çekenok, ýogsa arzanjak
zajikalka alaýjakdym, sowgatdyrda, sowgadyñ ulusy-kiçisi bolmaz
diýip. Okuwçykak zat tapmasak doglan güne üýtge$ijek el ýaglyjak
alyp gidâýýãrdik welin beýtseñem birhili, toýa düwünçek ãkidýãn
gelnejeler ýaly. Soñ bir magazine baryp 10manada/lira ruçka aldym.
Magazinçi gyza-da "$uny gowja edip upakowka et ballym, doglan güne
ãkitjek" diýdim. Gyz geñ galyp ilki ruçka, soñam maña seretdi "Doglan
güne 10 manatlyk/liralyk ruçka alýañmy?" diýýân ýaly, soñam
upakowka etdi. 10 manatlyk/liralyk ruçka, 15 manatlyk upakowka
etdirip magazinden çykdym. Gidip barýarkamam öz-özüme göwünlik
berýârin, "Aý dagy nãme, okuwça iñ gowy sowgat ruçka-depderdir-dâ"
diýip. Kafe bardym, eýýãm hemme ki$i gelipdir, gyz-oglan 15-16 ki$i
dagy bar. Salam berip derrew sowgadymy berip oturdym, içimdenem
"illeñ ýanynda bir açmaýbilsedir, masgara bolarys" diýýãrin. Açmady
näme-de bolsa. Gümür-ýamyrdan soñ offissiandy çagyrdyk, menýu
getirdi. Herkim iýjek zadyny saýlap offissianda aýdýa. Menem menýu
seredýãn, iñ arzan nahary gözleýãn. Menýuda arzan nahar ýok diýen
ýaly, et-towuk önümleriniñ bahasy 15 manatdan/liradan ba$laýar.
Meñem 13-14 manadym bar bil$iñiz ýaly. ñ soñunda arzan nahar
tapdym: Tost. Ol tostam 7 manat. Gapdalyna iñ arzan içginem tapdym:
barjom. Çaýdan arzan ekeni. Nahardan soñam iki stakan çaý içerin, ana
$eýdibem doglan güni abraý bilen sowarys. Beýleki otyranlar etlitowukly nahar zakaz edýârler, gamburger zakaz edýárler, ýanynda kola,
fanta, sprite... Offisandy çagyryp tost bilen barjom getir diýdim.
Offissiant hem geñ galdy, sypatyma seredip "Aý bu da$ary ýurtla
meñzeýâr, bularyñ kulturasy üýtge$ik öýdýãn" diýen bolmaga çemeli.
Hat-da ýanymdaky oglanam "Tost bilen barjom içilermi" diýip geñ
galdy, menem "Hawa, üýtge$ik bolýa, meñ stilim $eýle" diýipdim. Ol
barmana, doglan gün edýãn oglanyñ söýgülisi " McM, nãme üçin illeñ
zakaz edýãninden edeñok, senem $olardan zakaz etmeli ekeniñ-dä"
diýdi. Men bolsa Türkmen buýsanjymy bir gramam pese gaçyrmaýyn
diýip "Ýok men dok-a, iýip bilmen onça zady hehe" diýip ýalan
sözleýârdim, ýumurtga bilen makarondan bizar bolan a$gazanym bolsa
"Maña-da et, maña-da towuk, maña-da gamburger" diýýârdi. Zakazlar
geldi, iller hezil edip et-towuk iýýârdi. Men bolsa stolyñ iñ gyrasynda
oturyp tostumy di$leýârdim, barjomymdan owurtlaýardym, garybam
bolsam buýsançlydym. Tost diýilýãnem el ýalyjak çörek, içinde-de
peýnir bar. Men ony 30 sekuntda ýalmap-ýuwdaryn welin, beýlekiler
bilen deñrãk gutaraýyn diýip tetisirãp iýýârdim, 5 minutda bir di$lãp,
barjomdan owurtlaýardym, wagt utjak bolup täze gelin ýaly ýygyýygydan salfetka bilen agzymy süpürýârdim. Hemme ki$i naharyny iýip
boldy. Soñ çaý içmäge ba$ladyk. Jübimdãki pula görã-de men, 2,5
stakan çaý içip bilýárin. Beýlekiler heziledi$ip çaý içýârler, men bolsa
"Çaý gaty gyzgyn, otda bi$en ýaly, sowadybrak içäýmesem hehe" diýip
samsyklaýardym, iller 3 stakan içensoñam meñ 1-nji stakanym
gutarmandy. Ep-esli wagt geçdi, tort kesdiler, beýleki stakan çaýam tort
bilen içdim. Neme-dä dostlar, "Beýdip kösenip ýörmãn gönimel pulum
ýok diýip aýtsañ nãhili bolardy?" diýâýmegiñizem ahmal. Hawa, hiç
zadam bolmaz, puluñ bolmany üçin seni ýazgaryp ýa masgaralabam
durmazlar, 2-nji jahan ur$undaky Belarus partizanlarynyñky ýaly
gedemlik bar mende, adam pahyr nãme-de bolsa gedemlik edýâr-dâ.
$oñ üçinem nemetmãñ. Onsoñ, iýip-içildi, tort kesildi, indi hasap
tòlemeli wagt hem ýetip geldi. Men jübime elimi sokup galanja pulymy
çykarjak bolup durkamam offissiant gelip $u nãlet siñen sözlemi aýtdy:
-Hasap tölendi dostlar. Pylany hanym, hemmäñiziñ hasabyñyzy töledi.
Garaz nähili diýsene, doglan gün belleýãn oglanyñ söýgülisi ilki kafe
barýar. Pylança adam gelýâr, iýip-içgisi, torty bilen hemmesi nãçe
manada bitýâr diýip kafeñ eýesinden soraýar. Kafeñ eýesem pylança
bolar diýýã, gyzam pylança berjek diýýâr, $eýdibem ylala$ýarlar, gyz
öñünden hemme zadyñ bahasyny kredit kartoçkasy bilen töleýâr.
Doglan güne baranlar, islãn zadyny iýip içip gaýdybermeli. ne bu
sözemleri e$idip, çölde ýüzine projektor tutulan tow$an ýaly boldum.
Sakawlap ba$ladym, "Ol nä-äh-hili hhh-ass-aap tö-öl-llen-ndii?" Gyz
diýýä "Sýurpriz edeýin diýdim" diýýâr. Hemme ki$i gyza sagbolsun
aýdýar, menem da$ymdan sagbolsun aýtsamam içimden "Öñünden
aýtmaly-da, bizem et-towuk iýerdik, gamburger iýerdik...ñ azyndan
tostyñ gapdalyndan barjom içmezdik" diyip in gowy Türkmençe
sowünçler bilen özümi ýeñletýärin... Gözümiñ öñünden lenta ýaly bolup
etler, towuklar, gamburgerler geçýâr, "Bäh, ol gyz $oñ üçin tost iýme,
senem illeñ iýýãn zadyndan iýsene diýýâr ekeni." Stoluñ ba$ynda 10
minut elimi eñegimiñ a$agyna goýup ýere seredip, aýagym bilen poly
tyrkyldatdym, dollar näçe bolduka diýip oýlandym. Soñam Ottmar
Hittzfield ýaly bolup agladym. Hehe, oýun edýän, öýe gelip täzeden iki
ýumurtga iýdim. Bu gezek üýtge$ik bolsun diýip gaýnadyp iýdim.
"MYHMAN BARKA ENE-ATA PSIHOLOGIÝASY"
Salawmaleýkimler. Men bugün her kime tany$ bolup biläýjek duýgy
barada bol$una göräräk mowzuk ýazmakçy. Adam pahyryñ $adyýan
bolýan wagty bar, gamgyn bolýan wagty bar. Gaharly bolýan wagty bar,
keýplije bolýan wagty bar. Kä halatlarda, töweregimizdãki adamlar,
bize geñ reakssiýalar berýârler. Bu hem, $ol wagt, $ol adamyñ nähili
psihologiýada bolanlygy bilen baglany$ykly. Ene-atalarymyz hem
$eýle. $ol wagtky psihologiýalary bilen baglany$ykly reakssiýalar
berýärler. Ýöne hemme wagt beýle-de bolanok. Ýadyñyza dü$ýãn bolsa
çagakañyz öýe myhman gelen wagty näçe garagollyk etseñem, ene-ata
sypaýyçylykly bolýar, gaty söz aýtmajak bolýar. Muñam sebäbini edil
özüma, ilki bilen "myhmana sylag" , soñam "pylanylar çagalaryna gaty
söz diýenoklar, çagalary garagollyk etse-de dü$ündirip aýdýarlar"
diýdirjek bolýarlar diýip çaklaýaryn. Bu meniñ öz pikirim, ene-ata
bolmamsoñ bilýãn däl bolmagym hem ahmal. Ýöne da$yndan
seredeniñde $eýle görünýâr. Düýn Pikirlerde-de ýazypdym, belki gabat
gelmedikleriñiz bar bolsa ýazaýyn tâzeden:
2-3 günlikde myhmançylyga gitdik. Myhman ýerimiziñem 4 ýa$ly
ogullary bar. lki öwren$ip bilmän oturdy, soñ öwren$ensoñ gün
bermedi. Gelip depýä, oýunjagyny zyñýa, dyzyma münip ýere bökýã,
arkamdan gelip bokurdagymdan çekýä. Ene -atasam "Hehe beýtme
oglum, çykar daýyñ burnyndan eliñi, tüýkürme daýyñ ýüzine"
diýselerem goýar ýaly däl. ñ soñunda-da bar güýji bilen saçym uzyn
dälem welin kiçijek elleri bilen saçymdan çekdi, ullakan adam bolup tas
"wääk" diýip gygyrypdym saçagyñ ba$ynda, gözümden ot çykyp ýa$
aýlanyp gitdi. ndi gelse bildirmänjik çümmüklãýinlaý $u ganojagy,
arymy alaýyn diýip çaga bilen deñ bolmakçy boldum welin gelmedi
soñ, ejesi ýagdaýyma gynanyp çekip aldy. Ýogsa men hãzir $ol çagañ
kakasyna-da $eýle darasa, hiç kim ýok bolsa kakasynyñ çyny bilen
kâýejegini bilýän, sebãbi kakasyny tanaýan. Ýöne myhman bar
bolansoñ sypaýyçylyk edýär. Mysal üçin, adaty günlerde ene-ata bilen
dialoglar:
-Eje, jorabym nirdekä meniñ, tapamok?
-Men näbileýin meýit, ag$am kañkap gelip nirede çykaran bolsañ $ol
taýdadyr-da. Men nãme señ jorabyñ garawulymy? Kakasyndanoglundan bizar bolaýdym-da. Men $u öýüñ gyrnak zaurasy öýdýãn...
Kiriñizden, naharyñyzdan haalyyys ýadadym... (
Gör$üñiz ýaly, ýönekeýje bir sorag berdim: Eje, jorabym niredekä?
Gürrüñ menden geçip kakama, hat-da gyrnak zaura çenli baryp ýetdi)
Ýa bolmasa:
-Kaka 20 manat bersene, men da$aryk çykjak...
-Aý hawa-da, e$ek edip müniñ kakañyzy...Biz gazanaly sizem sowuñ...
ne kaka, pul getirdim-â diýmersiñiz. Ejeli-ogul bolup siziñ puluñuzdan
ýadadym... Señ öýe pul gazanyp getireniñi görermikãm men?
Bu dialoglar, her kimiñ öýünde bolup bilãýjek dialoglar. Ýöne öýde
myhman bar wagty, ýa-da öýde eneñ-atañ kän tanamaýan dostuñ bar
wagty gürrüñ eýýäm ba$gaça bolýar:
-Eje, jorabym niredekä?
-Wiiý, oglum ýuwulan joraplaryñ $ifonýeriñ üstinde bolmaly. Sen
gözläp ýörme diýip $otak goýupdym welin gören dãlsiñ-dã. Dur häzir
getireýin oglum...
-Kaka, ine bu Guwanç, kursda$ym.
-Hä $eýlemi, tüweleme (smile). Guwanç gowumy ýagdaýlaryñyz, ejeñkakañ dagam gowumy? Siz bilen tany$anyma men örãn $at. (Hindi
kinolarda ses berýãn Türkmen artistler ýaly gürleýär)
-Kaka, biz Guwanç bilen da$aryk çykmakçy welin 20 manat
sorajakdym...
-Al. 50 bereýin. Ýanyñda artykmajy bilen dursyn, belki gerek bolar.
Aýdy$ym ýaly, muny öz çagasyny kemsitmezlik üçin ýa-da çyndanam
"Pylanyñ ene-atasy sypaýyçylykly, intelligent ekeni" diýdirjek bolup
aýdýan bolmaklary hem ahmal. Ýöne näme üçinem bolsa çagasynyñ
ýamanlygy üçin etmeýãndiklerini bilýärin, muny aýratyn belläp geçeliñ,
soñ nemetmäñ. Bir gezegem klasda$ym bilen bile öý i$ini etmãge bize
geldik. 2-nji klasmy nämemi. Klasda$ymyñ bir ýerdenã kellesine geldi,
"McM, holodilnikdäki morozilka diliñi degirip gör, diliñ ýelme$ýärow" diýdi. Menem geñ galyp, boýum ýetmese-de stulalyp morozilnige
dilimi degirdim. Degirdim degirmesine welin, dilim hakykatdan hem
ýelme$di, aýyryp bilemok. $unça dyzasamam bolanok. Soñ gorkup
aglap ba$ladym dilim goparmyka diýip. Gürläbem bilemok, "Ezzeee,
dizim ýemmezziiii" (Eje dilim ýelme$di diýjek bolup peltekleýän) diýip
ejeme gygyrýan. Ýagdaý $eyleräk, Siñek awlaýan gurbagañky ýaly
dilim buzda, kelle morozilnigiñ içinde, uly galmagal. Ejem geldi, bolup
dur$umy görüp kuhnýadan suw alyp dökdi, söýü$ip duran itleri aýyrýan
ýaly suw sepip dilimi buzdan aýyrdy. $u eden-etdiligimiñ jezasy biziñ
öýümiziñ konstitussiýasy boýunça ýa atuwdy ýa-da 25 ýyl azatlykdan
mahrumlykdy. Ýöne klasda$ym bolany üçin hiç zat diýmedi ejem,
ag$ama çenli ýatdan çykardy. Garagolluk edäýsemem soña-baka
ýanymda dostlarymyñ biri bilen gelýârdim. $ol wagt zat diýmän soñ
käýeselerem, öýdãkileriñ gahary kö$e$ýärdi. ne häzir $uny ýazyp
otyrkamam ejem turupdyr, otagyma gelip "Dañ bilen nãme edýârsiñ dañ
horaz ýaly bolup, goý $u eliñdãki oýunjagy, ýat-da sokul-da" diýdi.
Elbetde muny siziñ okaýandygyñyzy bilenok. Ýogsa "Balam, turdyñmy,
näme telefonyñy oýnaýañ, pul zat salmaly bolsa habar edäýgin" diýip
sypaýyçylyk ederdi.
"McM-DEN HIÇKIME ZYÝAN GELMEZ"
Okuwa ilkinji baran ýylym. Ýat ýurt, ýat il, ýat naharlar, ýat adamlar.
Umumy ýa$aýy$ jaýynda 2-3 sany Türkmen oglan bar, ba$ga hiç
kimem tanamok. Okuwa haýsy awtobusyñ gelip gidýänini bilýãn diñe,
okuwa gidip gelýârdim. Ýañy-ýañy agy-garany saýgaryp ba$lan bäbek
ýaly bilesigelijilik bilen uniwersiteti tanajak bolýardym, naharhanany,
kitaphanany, hajathanany we $.m Klasda-da hiç kim bilen
gürle$emokdym, klasda eýýäm talyplar biri-biri bilen dost-jora bolup
ba$lapdy. Men bolsa herkimden aýratyn ýerde oturýardym, diý$im
ýaly, klasdaky hiç kim bilen i$im ýokdy, sapak gutarandan soñam
sesimi çykarmanjyk umumy ýa$aýy$ jaýyna gaýdýardym. Bir gün,
fakultetiñ öñündãki skameýkalaryñ birinde çaý içip çilim çekip
otyrdym. Edil $ol wagtam, meñ bilen bir kursda okaýan, men ýaly
özüne ýolda$ tapynyp bilmeýãn, men ýaly ýeke özi gezýân bir gyz
maña golaýlap gelýârdi. Menem " Haý, meñ ýanyma bir
gelmâýbilsedir" diýip çilimden bir tüsse alyp kellãmi ba$ga tarapa
sowdum. Gyz gelip zajigalka sorady. ndi $u taýda bir zady bellãp
geçmekçi. Oglanlar bilýãndir, kiçirãkkãk çilimiñ filtrini ýakyp
köw$ümiziñ gyrasyna goýardyk. Soñam ony otlyçöp gutysynyñ ýanýan,
gara tarapy bilen basardyk, keseligine. Ana, soñ $oña otluçöpi çyzyp
ýakardyk, kowboýlar ýaly aýagymyzy galdyran bolup. Menem sapagyñ
ba$laryna gara$yp otyrkam öz ýanymdan güýmenen bolup köw$ümiñ
gyrasyna filtri ýakyp goýupdym. Köýnegimiñ jübisinde-de 10-12 sany
otluçöp bar. Ýeri, üýtge$ik zat etjek bolup azara galmak nãmã gerek
diýsene, çilimiñi ber, strelýat etsin, i$iñ bilen bol-da. Ýok, i$im bilen
bolmadym. Aýajygymy galdyran bolup jübimden otluçöpi çykaryp
çyzdym welin otluçöp döwüldi, 2-njini çyzdym o-da döwüldi. Menem
gara der bolup 3-nji otluçöpi çykardym, masgara bolup barýan ýogsa.
Nâlet siñen, 3-nji otluçöpem döwüldi ýanmanjyk. Gyz tamasyny üzip
"Borla, men ba$gasyndan taparyn" diýip yzyna öwrùlip gitjek wagty
jübimden ýene bir otluçöp çykardym, bu gezekki ýandy. Menem gyza
"Gel gel, ýandy" diýdim, gyz gelip çilimini ýakjak bolup egildi welin bu
gezegem otluçöp öçdi. Gyz saklanyp bilmãn gülip ba$lady, menem
utandym. "Çilimiñden otlamagyma nãme üçin rugsat bereñok?" diýdi,
menem "Otluçöp ýanar öýtdim welin masgara etdi bu hehe" diýen bolup
samsyklyga saldym. Ana $ol sebãpli bu gyz bilen tany$dyk. ndi klasda
ikimiz bile oturýardyk, naharhana, çaý içmãge bile gidýârdik. Garaz ol
gyz bilen sözümiz aly$yp gitdi. Meñ üçinem gowy boldy, ýogsa
okuwda "Odinokiý wolk" ýaly gezip ýördim. Gyza gar$y erbet niýetim
yokdy, $eýle-de gyz, hala$ýan oglanym bar diýipdi. Hala$ýan oglanam
birnãçe gezek ma$yny bilen biziñ fakultetimize gelip gyzy alyp gidipdi
we men ol oglan bilen tany$ypdym. Gyz barada kellãmde ýekeje-de
erbet pikir ýok. Günler, hepdeler, aýlar geçdi. ndi klasda ba$ga-da
birnäçe talyp bilen tany$ypdym. Emma bu gyz bilen aramyz has
gowudy. Her gün okuwda görü$ýârdik, okuwda görü$medik
günlerimizem iñ bolmanda telefon arkaly habarla$ýardyk. Bolgusyz zat
üçinem jañ edýârdi, "Pylan köw$üm bilen meñze$ bolsun diýip pylan
reñkli sumka aldym, pylan hili gulakhalka gördim, $ony haladym
almakçy" we $.m. Hamana, iñ ýakyn jorasy bilen gürle$ýãn ýalydy.
Menden uly kursda okaýan we meñ bilen bir umumy ýa$aýy$ jaýynda
bolýan Türkmen oglana bu ýagdaýy dü$ündirdim. "Bratok, $eýle-$eýle
ýagdaý. Meñ nirede gören zadym gyzlar bilen gyz ýaly gürle$mek?
Muñ bilen gürle$megimi bes edeýinmi?" diýdim. Ol oglanam " Degme
gürle$iber. Bularda gyz-oglan dostlugy biziñkilerden üýge$igrãk.
Gyzlañ iñ gowy görü$ýän dostlary oglan hem bolup bilýâr" diýip
maslahat berdi. "Bolýala olar ýaly bolsa, nãbilãýin, gyz jorasy bilen
gürle$ýãn ýaly welin menem nemetdim... Òzümden $übhãm ýogam
bolsa özümi birhili duýup ba$ladym" diýdim. Gyz bilen aram hasam
gowula$dy, bir gün gyz meni kino çagyrdy. Bile kino gitdik. Okuwdada elmydama bile gezýãrdik. Da$yndan seretseñ söýgüli ýalydyk.
Meñem bir gyz bilen $eýle dost bolup, dost ýaly ysny$jagym kellãmede gelmezdi. Bir gün, gijräk umumy ýa$aýy$ jaýyna geldim. Oglanlar
nãme üçin gija galanymy sorady. Menem " Pylany bilen kafede
oturdyk" diýdim. $ol wagt oglanlañ biri " Eý samsyk, ol saña a$yk-how,
ýogsa beýdip ýörmez-ã nãçe dost bolsañyzam. Ol senden söze
gara$ýandyr" diýip granadyñ wzrwçatkasyny aýyryyyyp içime oklady.
Beýleki oglanlaram muny goldady. Meñ içime atom bombasy dü$en
ýaly boldy, GranD_GT agzañ mowzuklaryndaky ýaly sniper tüpeñ bilen
atylan ýaly boldum. Çynym bilen, bu hijem kellãme gelmãndi. Onuñ
söýgülisi bardy ahyryn, söýgülisi bar gyza söz aýtmak Türkmen ýigid-ä
beýle-de dursyn, hiçkime geli$jek zat däldi. Oglanlar, "Ýuwa$lyk bilen
sorap gör, söýgülisinden aýrylan bolaýmasyn how" diýdiler. Ýuwa$lyk
bilen däl-de, gönümel soradym. Aramyz gowy dãl, her gün diýen ýaky
ur$ýarys diýdi. Meñ üçinem gürrüñ gutardy, ýene öñkimiz ýaly dowam
etdim. Aramyz gowudy, indi ol hijem söýgülisi barada gürrüñ
açanokdy. Menem soramokdymam. Soña-baka bu gyz "Nãme üçin
seniñ söýgüliñ ýok, saña-da tapaly birini" diýip ba$lady. Menem "Ýok,
öñem ýandym, ýene ýanasym gelenok" diýip ba$dan sowma jogap
berýârdim. Gyz bilen hasam ýakynla$dyk, indi gürrüñiñ arasynda
elimden tutýardy. Menem $übhelenip ba$ladym, " Dogrudanam, bu gyz
meni halaýan bolaýmasyn? Söýgülisi bilen aýryl$aýdymyka? 2 aý bâri
adynam agzanok? Wagtynyñ köpüsinem meñ bilen geçirýâr? Maña-da,
saña gyz tapaly diýýâ? Meñ bilen gürle$en wagty hem saçlaryny
oýnaýar, ana saña subutnama, seni gowy görýâr. Mena dü$ünýän
dãldirin? "You know nothing Jon Snow" diýip gaýgy-alada batdym. Soñ
ýene ilki maslahat soran Türkmen oglanyma täzeden ýüz tutdym,
"Bratok, ýagdaý agyrrak bu gezega, $eýle-$eýle, what can ido
sometimes?" diýdim. O-da "Beýle bolsa çyndanam senden söze
gara$ýandyr" diýdi. Men ýene gyzdan ýüzime $arpyk iýäýmäýin diýip
âtiýaçly bolaýyn diýdim. Ýöne gyzyñ $ol boly, gürrüñ arasynda gülen
bolup elimden tutýar, käwagt kellesini meñ egnime ýaplap oturýar,
eýlämi-beýlämi... Öhöm öhömm... Beýle-de bir dost bormy? Garaýagyz
Türkmeniñ nirede gören zady? ñ soñunda söz aýtmagy makul bildim.
$ol gün, ekzamen bardy, ekzamene gara$yp fakultetiñ öñündäki
skameýkada çaý içip otyrdyk. Mart aýy bolsa-da howa çyglyrakdy, gyz
ýene meniñ egnime kellesini goýdy, uludan demini alyp gürlãp ba$lady:
-McM, biz ikimiz örãn gowy dü$üni$ýäris $eýle dãlmi?
-Hawa...(?!?!)
-Hamana biz dünýâ iki jübit bolup gelen ýaly... Sen Türkmenistandan
gelipsiñ, men bolsa Ankaraly. kimiziñ $eýle gowy dü$üni$jegimiz
heeeýý kelläñe gelermidi?
-Ýok, hijem gelmezdi. (Ohoo, bir zada diýjek bolýa bu)
-Saña $eýle öwren$ipdirin-dä... Gyz joralarym bilenem beýle gowy
dü$ün$emok-da men.
-Hehe, menem $eýle joralam bilen...Wiii... (Elim sandyrap ugrady,
samsyklap ba$ladym)
-ne biz ikimiz señ bilen köp wagtymyzy bile geçirýaris.
-Hawa, ola $eýle. (Gyssanma, özi söz aýdýar hãzir, erãp ugrady öz-özi
hehe)
- Okuwda, kâwagt da$aryda bile gezýãris.
-Hawa. (Hawadan ba$ga söz aýdamok. Hondan bârisi bolup otyryn.
Hãzir sözüni gutaryp özüni meñ gujagyma oklar öýdüp pikir edýãrin)
-Señ ýanyñdakam wagtyñ nähili geçýänini bilemok.
-Menem $eýle. Wagt suw ýaly akyp gidýâr (smile) (Tüýs wagty, tut
elinden, menem seni halaýan diý, Finish ber!!!)
-Ýöne Serdar $onda-da meni senden gabananok.
-Serdar????
-Hawa, söýgülim Serdar. Tany$dyrypdyma seni.
-Hä, Serdar diýsene (Haý señ Serdaryñy...)
-Bugünler onuñ i$leri köpräk. Meñ bilen kän wagt geçirip bilenok.
-Hmm, $eýle diýsene...( Ob$ide baryp maña akyl berenleriñ
hemmesiniñ jübisine ne$e oklap milisä jañ etjek hãzir).
-Näme, meni McM-den gabanañokmy diýsem, "Ýok gabanamok, 1-2
gezek gördim welin, ondan hiç kime zyýan gelmez" diýip gülýä, onuñ
ynamy gaty uly saña.
-Haha$eýlediýýämisenielimeberselernãtjegimibilýãnlehaha..(Güler
ýüzliräk diýip çmo hasap edipdir öýdýän)
-Näme diýdiñ McM, dü$ünmedim.
-Hiç zat diýemok. Gözüme skameýka syçrady. Ýör gideli, ekzamen
ba$laýar...
$ondan soñ, bahana tapyp ol gyz bilen gürle$medimem,
görü$medimem. Özümi oýnalan ýaly görýärdim. Her näçe meñ oña söz
aýtmaga synany$yp, ondanam söz aýdaryna gara$magym ýalñy$am
bolsa, onuñ hem namýok bermesi ýalñy$dy. Söýgülisi bilen
aýryly$madygyny iñ azyndan duýduran bolsa bu ýagdaýa dü$mezdim,
üstesine-de söýgülisiniñ gürrüñi. Birnäçe gezek näme üçin
gürle$meýänimi sorady, doma$nyýe problemy diýip ba$dan sowdum.
Aramyz sowady, o-da soña baka gürle$jegem bolmady. Aý bolýa-da,
adam pahyr ýalñy$yp-ýalñy$yyyp dogryny tapýar.
"INFEKSSIÝA"
Ne bir ýazyp gutaryp gelýärkäm telefon öçdi, batareýada problema bar.
$oñ üçin kompyuterda ýazmaly boldum, harplar bilen onu$arsyñyzda.
Waka ýene Ankara-da bolup geçýär, hany onda ba$lalyñ nesip
edeninden.
Bu waka, 3-nji kurs wagtym bolup geçdi. Türkmen oglanlañ biri doglan
gün belläpdi, menem gitdim. Ba$ga bir Türkmen oglanam ýa$ toýa
hala$ýanyny getiripdir, onuñam jorasy bar. Bilerak oturdyk saçagyñ
ba$ynda, gyz bilen gümür-ýamyr etdik, göräýmäge erbet gyzam däl
ýalydy.Turamyzda-da birek-birege telefon nomerlerimizi berdik, öýe
gelip Facebook-dan dost bolduk. Gyz bilen ýuwa$-ýuwa$ gürle$ip
ba$ladyk, Facebook we telefon arkaly. Gyz, jorasyndan sorapdyr meni,
soran gyzam öwüpdir meni öwerlik zadym bolmasa-da. Uff, borlaý,
süyndirip oturmaýyn, 1 hepde geçmänka söygüli bolduk, menem
dü$ünman galdym. Ýöne da$aryda zatda görü$emzokdyk, diñe
Facebook we telefon arkaly görü$ýärdik. Gyz da$aryda gör$eli diysede, pul bolmansoñ stipendiýa çenli güýmäýin diydim, da$aryda 2 ki$i
normalnyý restorana ýa kafe gitseñ, kynrak. Oglanlar bilýändir,
stipendiýañ gelen günleri $a bolyarsyñ, soñam krowadyn gyrasyny
gemrip ýörensiñ, özüme jogap bersem, men-ä $eýle.Gidersiñem welin,
nämä gerek, stipendiýa 1 hepde 10 gün soñ gelýä diýip güýmäp ýörün.
lkinji du$u$ykda öýe çagyrsañam birhili, ýalny$ dü$ünaýmegem ahmal.
Aslyýetinde, telefon ýa Facebook-dan habarla$magymyz meniñ üçin
bähbitli boldy. Sebäbi azda-kände gyzy tanamagyma mümkinçilik
döredi. Gyz, manýaçka bolup çykdy. Mysal üçin nahar iýýän,
Facebook-dan ýazýar, ''McM, name 1 sagat bäri online bolubam jogap
yazañok?'' ''Nahar iýýärdim'' diýip jogap ýazýan welin'':@:@:@'' edip
gaharly smaýlik ugradyar. Soñam dostlukdan çykaryp gidýär. 15
minutdan soñ dolanyp täzeden dostluk ugradyar, '' Aslyýetinde seniñ
bilen gürle$jek däldim welin, dözmedim-dä'' diýýär. Nahar, adama iñ
gerek zat, nahar iýmän bolmaza? ''Tuwalede gitdim jaaanym,
nemedýädim'' diýäýsem dagy öýe gelip öýe mina goýup gitjek bu.
Seretdim, bolar ýaly däl. ''McM, otyr önkije ýerinde, ba$artmaýa bu,
däli eder seni'' diýip gyz bilen gürle$mäni bes etmeli diýen netijä
bardym. Darykdyryp öldürip barýar ýogsa, artykmaç näz edýär. Nahara
çagyryp, sypaýyçylyk bilen, ''Biz entak görü$mänkäk oñu$amyzok,
henizem giç däl'' diýip aýryly$maly, hemem $eýtsem iñ azyndan
"Ýüzüme aýdyp bilmedi-hä'' diýmez. Gyza habar etdim, ag$ama golay
6-da pylan ýerde du$u$ýarys. Ýanymda az-owlak pul bar, stipendiýa-da
gara$man $undan dynaýyn diýip tany$ oglanlañ birinden kreditnyý
kartoçkasyny alyp öýden çykdym. Gyz bilen du$u$dyk, restorana
bardyk. Ýöne restorana barýarkak içim sanjyp ba$lady, hamana pyçak
bilen de$ilýän ýaly. Öýlänrak, arzan diýip ''Towukdöner'' iýipdim 3 lira,
$oñ edýän oýny bolmalydy. Towuk eti diýip serçäñ etinimi ýa gargañ
etinimi iýdim, bilemok, bilýän zadym heläk bolup ba$ladym, essim
aýylyp, derläp ba$ladym. Menem bir üytge$ik, öýlän-ä 3 lira
''Towukdöner'' iýýän, ag$amam lyuks diyiläýjek restoranda nahar iýjek
bolýan, tebigatyñ kanunlaryna ters bu. Restorana bardyk, $onda-da
bildirmediksirän bolup hondanbärisi men, hamana hergün gelýän tany$
klient ýaly ofissiantlara salam beren bolup, gyzyñ stulyny çeken bolup,
asyl özüme Buckhingam dýukudyr öýdemok, nädeli-dä dost, show must
go on. Ýok bolsanaý. Oturdyk, ofissiant menýu berdi, meniñ menýu
bilen i$im ýok. Zordan otyryn, gyza-da aýdamok hiç zat. Da$yndan
seretseñ meñ beýdip otury$ym gülkünjem bolsa, meniñ üçin beýle
däldi. Beýle zatlar kinolarda bolýar. Asyl ýöne kinodaky artisleriñ
ba$yna $eyle waka geläýenokla? Hemme zat gülala-güllük. Ýogsa
olaram biz ýaly adama. Ýöne biz özümiz ulaldýas olary. Mysal üçin,
Scarface-de (Lisso so $ramom) ýokardan Soza-nyñ adamlaryny ''You
need armyto f..k me'' diyip awtomat bilen atýan Al Paçinony göz öñüñe
getir. $ol afi$alar häzirem legenda. ndem $ol Al Paçino-nyñ bazarda
sportiwkaly, ak joraply, $ypbykly koriçka oturyp çigit çigitlap zapçast
satyp oturanyny göz öñüñe getir.Borlaý, birhiliräk mysala boldy welin
dü$ünensiñizle, diýjek bolýanym, $olaryñ bizden üytge$ik ýeri ýok,
ýöne kinolarda $eyle. Al Paçino agam senem zapçast satýana
meñzetdik, Ertiri okaýan bolsañ bagy$larsyñda.Agyryma çydaman,
''Men elimi ýuwup geleýin'' diýip hajathana gitdim. Ýok. Jyk. Bolar
ýaly dal. Eger-eger. Aýna seretsem reñkimem akmy-gökmi belli däl, bir
seretseñ Kasper-a meñzeýän, bir seretseñem Avatar-a meñzeýän. $onda
añdym, men doktora görünmesem boljak däl. Gyzyñ ýanyna gelip
dü$ündirip aýtdym, ''Men doktora görünmeli, heläk bolýan, dawleniýam
dü$di, ýykylyan häzir diydim. 1 sagatdan dolanarys, isleseñ senem gel
ýa-da öýüñe git.''Gyz öýüne-de gitmedi, meñ bileñem gelmedi, ''Bolýa,
sen gelýänçäñ gara$aryn'' diýdi. ''Aý bor-da'' diýip kreditnyý kartoçkañ
ssifrini aýdyp gyza berdim. Uniwersitediñ poliklinikasynda tany$
$epagat uýasy bardy, oña jañ etdim,kak raz ol gün nobatçy ekeni. Taksa
münip gitdim. Bardym, gan aldylar, analiz üçin bir gaba nemetdirdiler,
stetoskop bilen urdular, nosilkada bökdürdiler, garaz edilýän zat bolsa
etdiler, hehe. Bir wagt soñ, tany$ $epagat uýasy geldi:
-McM, ýagdaýlar öwerlik däl...
-Name boldaý?
-Ýagdaýyñ erbet, a$gazanyñy ýuwmaly boljak...
-Goysanaý?
-Hehe, oýun edýän, içege infekssiyasy. Ýat hany, asma ukol urmaly
saña...
-Bahar beýtme, gyz gara$yp dur-a maña, dermanjagaz berip goyber.
Burnuma vazelin çal, boldy $ol. Aspirin ber maña... Gulagyma balzam
çal... Dimedrol...
-Samsyk gürrüñ etme, ýat hany...
Gyza jañ edip ''Maña gara$ma men asma ukol almaly boldum'' diýdim.
Gyz ýene ''Bolýa'' diýdi, ba$ga-da zat diýmedi. Menem öz ýanymdan
"Bäh, alada-da edenogaý'' diýip sögünip telefony goýdum. Soñ
poliklinikañ nobatçy doktory hem geldi, doktorlaryñam siz-biz diýip
gürleý$ine janym ýanýar hemme wagt. Olaryñ bolmalysy $eyle welin,
bilmedimdä:
-Ýagdaýlarymyz nähili?
-Men gowy. $epagat uýasam gowy.
-Ýook, men sen nähili diýip soraýaryn...
-Haý seniñ ejeñ...
-Haý seniñ ejeñ? Türkmençe gürlediñ öýdýän (smile)
-Hawa, Türkmençe ''Sag bol'' diýmek.
-Hä bolýa, onda señem ejeñ, senem sagbol (smile)
-Mamañ...
15 minutdan soñ...
-Özümizi nähili duýýarys?
-Men gowy, seni bilemok...
-Hmm, gowy bolarsyñyz...
-Näme baraý bu asma-nyñ içinde? Arak guýdyñyzmy, kelläm birhili
bolýar, ba$ym aýlanýar...
-Ýok, siziñ bedeniñiz halys bitap, asma bedeniñize kömek edýär,
iýmitlendirýär.
-Onda içine çöregem dograñ, men çöreksiz iýmitlenip bilemok hehe...
1 sagat soñ gaýtdym poliklinkadan. Oglanlaram e$idipdirler otrawleniýa
bolanymy, öýe ýetip barýarkalar gelýäris diýip jañ etdiler. Gelip
gapynyñ zwonogyna basdylar, menem gapyny açyp, gapa seretmän
yzyma gaýtdym hüñürdap, ''Eýý ýaman erbet agyrd-ow içim, ertir $ol
towuk döner iýen ýerime baryp aýnasyny döwüp gaydýan'' diyip.
Oglanlar öýe girdiler, ýöne dym-dyrslyk. Seretsem $oool oglan
hala$ýanynam getiripdir çorbajyk bi$irsin diýip, özine gelsin diýip,
menem öýde $ortik bilen dagap ýörin. Derläp halys boldum, $ortigem
plawka ýaly bolup ýokaryk çykyp gidipdir. Gyza seredip "Hehe
bagy$larsyñ-da, seniñ gelýäniñi aytmady bu twarlar, men üstime bir
zatlar geýeýin'' diýip samsyklap duryn. Gyzam bet ekeni, aryny aldy
menden, bi$iren çorbasyny çöregiñ arasyna goýup iýdim, biliber onsañ.
Ep-esli wagt soñ oglanlar sorady:
-McM, gyz jañ etdimi soñ?
-Wiiý, dogrudanam-eý, jañ etmedi.
-Özi jañ etmese senem etme...
-Bäh, seret meniñ zehinlije dostuma, seret meniñ akyllyja dostuma...
Näme jañ etmän, kreditnyý kartoçka onda ahyry... Dur $uña jañ
edeýinle...
-Alo, gowumyñ?
-Hawa gowy, sen nähili?
-Näme üçin jañ etmediñ? Alada-da edeñok-la?
-Goýsana, meni ta$lap gitdiñ restoranda, ne udobnyý boldy...
-A gyz, saña gel diýdim gelmediñ, öýüñe gaýt diysem gaýtmadyñ, men
asma ukol aldym, tas ölýärdim men diýýän.
-Aý biläýmedim-dä udobnyý däldi öz-ä...
-Näme meni günäkärlejek bolýañmy? Gelmeli ekeniñda onda,
ýaramadym diýýärin, tas ölýärdim diýýärin... Hasap näçe lira?
-70 lira...
-70? Näme düýe iýdiñmi?
-Samsyk öýdýän sen-ä...
-Diliñe seret, näme diýjegiñi bilip diý...
-Güm bolsana samsyk, indi gaýdyp jañ edäýme...
-Sen güm bol. Ber karty, häzir ýarym sagat soñ barjak öýüñe...
$eýdip, ''Ullakan söygimiz'' gutardy. Gyzyñ ýa$aýan ýerine bardym,
gyz balkondan karty pri$$epka gysdyryp oklady. Gomparyp bilimi
bükman karty alaýyn diyip egildim, dyzyma we bilime köprak agram
berdimmi namemi, dyzymam, bilimem büküldi, gurbaga ýaly gatap
galdym. Henizem $ol gurbaga ýaly gezip ýörin, stoýkam üýtgänok.
"ÝEKE ÝA$AMAK"
Ýeke ýa$amak meni gorkuzanok, telewizor görýãn wagtym öz-özüm
bilen gürle$mâge-de, diwar bilen gürle$mãge-de, kir ýuwmaga-da,
nahar bi$irmãge-de, ütük etmãge-de öwren$ipdirin. Ba$a gelse
edãýmeli, alajyñ ýok. 2-3 myhman gelse darygyp ugraýan, öz öýùmi
ta$lap gaçasym gelÿâr. Ýeke ýa$amagyñ meñ üçin iñ kyn tarapy,
açaryñy ýitirseñ ýa-da öýde galdyrsañ, öýe nãdip girjegiñ. Domyñ
da$ky gapysam açar bilen açylyp ýapylýar. Gündiz bolsa hiç, da$arky
gapyny goñ$ylañ zwonogyna basyp açdyrarsyñ, kwartirañ gapysy
üçinem ussa çagyryp açdyryp gulpyny çaly$dyrarsyñ. Gije bolsa nâtjek?
l ýatyp it uklansoñ? Hany onda göreli nâdýârkãk? Gy$ky ekzamenleri
tab$yrdyk, oglanlar bellãliñ diýi$diler.Aý meñká $owlam bolmasa
üý$meleñ bolsa bolýa diýip gitdim. Bellãliñ diýi$lerem, bir kafede
oturyp iýip-içmek, ondan-mundan gürrüñ etmek. Garaz bellemek
bahana, maksat Türkmenler bolup üý$mek. Üý$digem, gije 12-ä çenli,
offissiantlar bizi kowýança oturdyk, soñam dargadyk. Öýe gelemde
sagat gije 1-e golaýlap gelýãrdi. Da$arysam sowuk, 3-4 gün öñ gar
ýagdy. O-da erâp bilmãn, ýerde doñup dur, köçeler buz, palçyk, ýörãr
ýaly dãl. Ankarañ howasy däl-de, eýsem Alýaskañ howasy bar. Hawa,
öýe geldim, gyzgynjak parowoý soñuna çenli ýanyp dur, öý ýylyjajyk.
Da$arydan ü$äp gelemsoñ öýiñ yssysy meni derrewjik täsiri astyna
aldy, üstimi çaly$yp pijama-maýka geýdim, ýatmaly indi. Kafede
oturan wagtymyz kalýan çekipdim, özem iñ agyrlaryndan, kappuçinoly.
Öýüñ yssysyndanmy ýa soñ depýãmi bilemok, ýüregim bulanyp
ba$lady. 1 sagat ýaly gorsanyp ýatyp bilmän eýläme-beýläme
agdaryndym. Bolar ýaly dâl, gözümi ýumsam ba$ym aýlanýar.
Sögünip-sögünip turdym, telewizor gördüm azajyk. Henizem ýüregim
bulanyp dur. Boljak däl öýdýãn diýip banýa baryp gusmaga
synany$dym, gusubam bilemok,"öeeghh" edýãn, bolýan zat ýok ba$ga.
Gözümi ýumsam ba$ym aýlanýa diýip ýene bir salym oturdym, sagada
seretsem 3 bolup barýar. Soñ, kuhnýadaky zibilleri da$aryk zyñyp
gaýdaýyn, 1 hepde bäri zyñylanok, öýde tanamaýan myhmanlarym
köpeldi, tarakan $.m, hemem arassa buz ýaly howada belki ýürek
bulanmamam azalar diýdim. Aldym zibili, hajathana geýýãn
$ypbygymam geýdim, köçede ýatýan adama berseñem geýmejek,
çilimiñ közünden ýaña de$ik-de$ik bolan switeram egnime atdym. Soñ
açar ýada dü$di,açaram kim bilýã haýsy jübimde. 1-nji etajda ýa$aýan
goñy daýza, gysga wagtlaýynça doma girip çykanda, ony-muny serjek
wagty domyñ gapysyny açar bilen açyp-ýapyp ýörmez ýaly gapyñ
düýbine da$jagaz goýýardy we $ol da$ domyñ içinde, gapyñ ýanynda
elmydama durýardy. Menem açar ulanyp ýörmän $ojagaz da$y gapyñ
düýbine goýaryn, zibil zyñylýan ýerem edil çykanja ýeriñde, 15 ädim ýa
bardyr ýa ýokdyr, derrewjik zibili oklap yzyma gaýdaryn diýip açary
almadym ýanyma. Çykdym $ol dur$yma öýden, elde zibil, ýatañda
geýilýän ýukajyk çal pijama, maýkañ üstinde-de de$ik-de$ik switer,
aýakda-da hajathana geýilýãn rezin $ypbyk. Da$ ýerinde dur ekeni,
gapyny içeriden açdym zamogyndan tutyp, da$y gapa goýup elimdãki
zibil bilen agajyñ düýbine tarap ýöräp ba$ladym. Ýañy bir zibili ta$lap
yzyma öwrüldimem welin, "Jyyyyyýýýk..tmfsss" diýip ses e$idildi.
Men, ýolbarsa aw bolup ölmänkã iñ soñky gezek asmany synlaýan
keýik ýaly, gapa tarap naýynjar seredip ylgap ba$ladym. Hawa, men
eýýäm gijä galypdym, da$y gowy goýmanym üçin gapy ýapylypdy.
Da$ky açar ýok, birine jañ edeýin diýsem telefon ýokaryda, goñ$ylañ
doma girmãnkäñ duran zwonogyna basaýyn diýsem, gündiz bassañ
"Açaryñy ýanyñda göter" diýip hüñürdäp ýören garrylañ zwonogyna
basdyryp da$ky gapyny nädip açdyrjak? Domda diñe men talyp
bolamsoñ, menem gaty bir halanoklar ma$gala däl, gelýän-gidýan
köprãk diýip. Ba$ga ýa$rak ma$gala-da ýa$anok, Nury$ka neressäñ
aýdy$y ýaly hemmesi bir krug geçen, sagat 9 boldymy dille$en ýaly
hemmesi ýatýar. Garaz, öz domumdakylardan peýda ýok. Eger
zwonoga basyp turuzaýsamam ertesi güni meni ýok edip kowarlar,
$eýle-de bahana gözlâp ýörler. Onda nãme etmeli, da$ary doñaklyk,
üstimem ýuka, 1 sagat dursam gatap galaryn. Zwonogy basyp gaçaýyn,
soñam bárräkde gizlenip duraýyn, belki açarlar diýdim, soñam
goýbolsun etdim. Oglanlañ biriniñ öýüne gideýin diýseñem, olaram
hoool Ankarañ bir ygrasynda ýa$aýarlar, Amerika viza alanyñ añsat
olara gideniñden. Onsoñam 1000 $ dollar berseñem gijãñ ýarysy bu
sypatym bilen meni hiçkim äkitmez hiç ýere. Beýle-de uzak durup
bolmaz? Garawulyñ güjügi ýaly eýýãmden sandyraklap ba$ladym. Soñ,
bir pikir kelläme geldi...Ýa$aýan raýonymyzyñ bazarynda gök-sök
alaýyn diýip aýlanyp ýörkäm, bir Türkmen daýza we ogly bilen tany$
bolupdym. Soñ bular bilen gatna$yp ba$ladyk. Daýza bilen ogly Ankara
i$lemãge gelipdirler, daýza biziñ töweregimizde bir ýerde bir babulýa
seredýän ekeni, ýatymlyk babulýañ öýünde bolýar. Oglam Ankarañ
da$ynda bir ýerde i$leýär, otdyh günlerem ikisi du$u$ýar ekeni. $eýdip
soñ bular otdyh günleri meñ öýüme-de gelip ba$ladylar. Oturyp
Türkmen nahar bi$irýãrdik, palawjagaz edýärdik, daýza manty gazanam
tapypdyr bir ýerden, manty bi$irýârdi. Meñ üçinem ùýge$iklik, ýat ilde
öz Türkmeniñi görýäñ, Türkmen tagamlaryndan dadýarsyñ. "Adam
adama gerek bolar" diýli$i ýaly, soñam biri-birimize kömegimiz deger.
Ana $ol daýza öýüñ açaryny ýasadyp beripdim men ýok bolsamam
arkaýyn basyberiñ, öz öýüñiz ýaly girip çykyberiñ diýip. ndi açar, $ol
daýzada bar. Ol daýza-da meñ ýa$aýan ýerimden 600-700 metr beýlede
ýa$aýar, ikimizem bir köçede ýa$aýarys. $oña gitmekden ba$ga alaç
ýok, gijäñ ýarysy, hat-da dañdana golaý bimaza etmeli boljak, ýöne
nãtjek. $ol garda, $ol doñaklykda, $ol e$iklem bilen uly köçä çykyp
ýörãp ba$ladym. Uly köçeler näme-de bolsa duzlanýar gar ýagan wagty,
arassalanýar. Kiçi köçeler beýle dãl, balota. Hawa, köçeden ýöräp
barýan dagap, switeriñ öñünde iliklerem ýok, hemmesi gopan. Hany
gyzlar halat geýip öñüni elleri bilen ýapyp ýöreýãndir-ä, menem $eýle
ýörän bolup barýan. Aýakda jorabam ýok, $ypbygam, iiiñ lyyysyý
kamyry özüm öýde gaýçy bilen gyrkyp $ypbyk ýasasam mundan gowy
bolardy, taýýar, ýörãp bolanok. Aý nãme, bazardaky iñ arzan rezin
$ypbyk, sähel öl bolsa öýde-de taýdyrýa. Ana $eýdip lyjaçylar ýaly bir
aýak has öñde, beýleki aýak has yzda, ýörãp barýan. ndi switerimiñ
öñünem açdym, sebãbi eliñ bilen dur$yñy saklaýmasañ heýkel ýaly
bolup $ol dur$uma ýykyljak. Ýoldan azda-kände-de bolsa ma$yn
geçýâr, olaram meñ deñime gelende haýallap maña seredýârler, men
bolsam menem serederdim daña golaý biri, ol sowukda $ypbykly,
pijamaly, switeriñ öñüni açyp maýkaly dagap ýörse. Daýzañ ýa$aýan
domyna baryp da$ky zwonoga basdym. Ol sagatda meñ bu sypatymy
görüp ýürekden gitmãýbilsedir diýýãn. 2-3 gezek basdym zwonoga,
daýza "Kim ol?" diýip sorady. "Daýza men McM, açaweri gapyny,
gorkma, hiç zat bolanok". Daýza açdy, men oñ kwartirasyna baramda
eýýam ol gapyny açyp gara$yp durdy. Meñ sypatymy gören badyna, 60
ýa$yndaky we 70 kilo ýakyn daýza yzlykgan 4 gezek salto a$dy,
howada-da 2 gezek pyrlanyp soñam ýere dü$üp gygyryp özinden gidip
ça$dy, hehe. Oýun edýän, ýöne gaty geñ galdy, saçlary ýolbarsyñ
tüýleri ýaly boldy, gözi hanasyndan çykyp "McM saglykmy,eýgilikmi?
McM saglykmy, eýgilikmi?" (Hawa edil $eýle diýdi 2 gezek, aýdymyñ
pripewi ýaly). Öýe girip dü$ündirdim ýagdaýy, açary kwartirada
galdyrdym, da$ky gapynam açyp bolmady, öñünden duýduraýyn
diýsem telefonam kwartirada galdy, $oñ üçinem senden açary almaga
geldim, diýdim. Maña bugün bärde ýataý diýýä, nädip ýataýyn, ertir
jahan ýagtylanda gitmek hasam kyn bolar bu sypat bilen diýdim. Soñ
turdym, daýza jorap berdi. Almajagam boldum welin aýal jorap diýip
welin, zor bilen berdi. Kim görüp dur garañkyda aýal jorapdygyny
diýýã maña. Jorabam gonjy uzyn jorap dãl sadagasy boldugym, soket
jorap diýýânleri, topuguma-da ýetenok, zordan geýdim. Soñ gaýtdym
yzyma. Bu gezek uly köçeden gaýtman kiçi köçeden gaýtdym ma$ynlar
az bolar diýip.Ýöne $onda-da gabat geldi 1-2 sany ma$yn, meni
görmesinler diýip agaçlañ arkasyna bukulyp ýüzimem ba$ga tarapa
öwrüp durýan geçýãnçâler. Aý, bilip bolmaz, milisä zada jañ ederler, "
Köçede gülgüne joraply, $ypbykly, pijamaly biri aýlanyp ýör,
dãlihanadan gaçypdyr öýdýãn" diýip.Ýanymda dokument zadam ýok,
dü$ündirda soñ dü$ündirip bilseñ. Öýe gelýänçãm 7-8 gezegã taýyp
ýykylandyryn, soña-baka öwreni$dim, 100 metr ýörãp ýykylaýmasam
dagy "Bäh, geñ görâýmeli, 100 metr bäri ýykylman gelýan-aý, hany
onda ýykylaýyn" diýip özümi hiç zat ýok ýerden ýere oklap duran
boldum halys. Ahyry öýe geldim, bu sowukda uly i$ bitirenim üçin
özüme minnetdarlyk bildirip agzyma 1 gant okladym. Soñam ki$ñedim.
Ertesi güni 3 sany açar ýasatdym indi beýle ýagdaýa dü$mäýin diýip,
hersini da$aryda belli ýerlerde bukdym. Açar ýatdan çykan wagtlary
ulanar ýaly. Soñam domyñ a$agyndan içeri girer ýaly elim bilen týunel
gazyp üstine ýandak oklap maskirowka etdim. Öýe gelibem endamyma
flamaster bilen Michael Scoffiled ýaly öýüñ proektini çyzdym. Hehe,
degi$mekden aýyrmasyn. Indi menem $u tema bilen Ertirden otpuska
çykjak. Azajyk kellä dynç bereýin, sizem meñ temalamdan kellä dynç
beriñ azajyk. 1 aýdan zatdan täze güýç bilen ýazarys, okarys. Sag boluñ.
Rimiñ ussat generaly Marcus Antonius-yñ belläp geçi$i ýaly:
Ýa ýa ýe kokko jambo ýa ýa ýe.
"ANKARA-DA TOÝA GITMEK"
Salawmaleýkimler, gowumy ýagdaýlaryñyz. Orazalaryñyz kabul
bolsun. Men otpuskadadym ýöne çörek almaga barýarkam sowulyp
Oraza baýramyñyzy gutlap geçäýeyin diydim, soñam gelenime göra bir
temajyk düñküldedeýin diydim. Nähili geçdi Oraza aýyñyz, men-ä soña
baka, 1 hepde ýaly agyz bekläp bilmedim. A$gazan ejizledi, selarlikde
ýumurtga iýip öwren$en talyp a$gazany-da, ag$am agzaçarda
üytge$igräk nahar görüp, geñ galýar. Selarlikde her gün ýumurtga
iýýän, ag$am agzaçara çagyrsalar-a gidäýýän, ýogsa-da Gitler-iñ
Generallary ýaly stola Ankarañ kartasyny goýup, nirede mugt agzaçar
barka diýip flamaster bilen karta bellik edip mugt agzaçar berýän toçka
gözleýän, tapsam-a Siriýalylar bilen oturyp agzymy açýan,
tapmasamam ýene makaronjagaz bi$iren bolýan. Soñ beýle deñsiz iýipiçsen a$gazanam ejizleýärda. Ana $eyle, men a$gazanymam ejizledi.
Men Ankara gelemde, gündelik tutan bolýardym. Hergün tutýardym,
derekli-dereksiz hemme zady ýazýardym, hergün ýadadýar diýip soña
baka hepdelik tutup ba$ladym. ndem aýlyk tutýan hehe. $ol aýda bolan
esasy wakalary ýazan bolýan. ne häzir gündelige seredip otursam, bärde
ýazyp bolaýjak birnäçe waka ba$ymdan geçipdir Ankarada. 3-4
sanysyna ýazypdyryn, galanynam barýarkak ýazarys-da. Elbetde
gündelige beýle uzyn ýazamok, bir wakany 2-3 setir edip ýazýaryn.
Soñam bärde ýazamda $olwagtky duýgularymy göz öñüme getirip,
okaýan adam ýadamasyn, gyzykly bolsun diýip birazajygam fantaziýa
ulanýan, hemmesinde bolmasa-da,käbirinde bolýar, ony okaýan adamyñ
özem bilýändir. Borla, dü$ündiñiz-ä siz eýýäm. $u waka-da ömrümde
hijem ýatdan çykmajak absýurd wakalaryñ biri...
Ýa$aýan raýonymda Bahadyr diýip dost oglanym bardy, munuñ Zeýnep
diýip jorasy/dosty/klasda$y bardy. Menem ol gyz bilen gatna$ygym
ýokdy, diñe birnäçe gezek Bahadyryñ ýanynda realda görüpdim,
Facebokda-da welin biz Zeýnep bilen dostdyk. ne bir gün $ol toý edýär
diýip jañ etdi Bahadyr, maña-da toýa gideli diýýär. Bahadyr, öz
klasda$lary bilen, dostlary bilen gatna$maýardy. Sebabi, awariýa
bolanda idemediler diýip olardan gaty görýärdi. $oñ üçinem köplenç
bile tirke$ýärdik (häzir öylendi, kän görü$ip bilemzok indi). Meniñem
ekzamenlerim gutardy, 10-12 gün soñ Watanyma gaýtmaly. Edere i$
ýok, gije-gündiz serial görýärin, bolýa gidäýeris diydim. Zeýnep,
Facebook-dan maña çakylyk ugradypdy. ''Facebook-dan çakylygam''
nähili diysene, hany uzagrakdan tany$yñ seni ýolda-yzda gören wagty
aýtmady diýmesin diyip kiçi dilden bärde ''Pylançasyna toýum,
aýlanybermeli'' diýýändir-ä, ana $eyle. Esasy adamlara çakylyk
ugradýarlar, uzagrakdan tany$lara-da $eydip Facebook-dan çakylyk
ugradaýýarlar. Maña-da Facebook-dan çakylyk ugradypdyr, Bahadyr-a
bolsa çyn çakylyk ugradypdyr (Hehe bu nähili boldaý, çyn çakylyk
ýalan çakylyk bolarmy diysene). Menem gadyrsyz myhman ýaly $ondada Bahadyr hayy$ edensoñ gideýin diýdim. Toýdan öñ, 5-nji günden 6njy güne geçilen gije serial görüp otyrkam 1-e golaý Bahadyr jañ etdi:
-McM, gowumyñ, ýatmadyñmaý, näme edýäñ?
-Serial görýän, 2 epizod galdy, soñ ýatarynlaý.
-Ertir toýa gidýäs dälmi?
-Hawa, toý ''Stardust'' restoranda dälmi?
-Hawa, ag$am 6-da taýyn bol, toý 7-de, men gelerin, soñ bile gideris,
kakamdan ma$yny sorap aldym toý üçin.
-Bolýa, 6-a taýýar bolaryn men...
Serial görüp ýatdym daña golaý. Ertesi gün öýlan 4-e golaý turdym,
çalak-çulak iýip-içdim, toýda iýip-içeris-dä diýip ýene 1 epizod serial
gördim. Sagat 6-a golaýlap ba$landa-da geýinip taýýar boldum. 6 bolup
gelýär, Bahadyr gelenok, jañ edýän welin telefonam öçük. ''Bäh, öza 6da taýýar bol diýýär, soñam telefonyny öçürýär'' diýip nedowolnyý
bolup sögünýan ol oglana, ''Swidaniyadadyr bu, ýogsa açardy telefony,
hemme zadyñam çeni-çaky bar, toýa gitjek bolup durkak swidaniýa
nämä gerek'' diýip hünürdeýän. 7-iñ ýary boldy, Bahadyr gelenok,
telefona jañ etsemem alanok, öçük. ''Stardust'' diýilýän restoranam men
bilýärin, Ankarañ ortaça ma$galalarynyñ toý edýän tanymal restorany,
tomusda hergün diýen ýaly toý bolýar. Restorany, ofisiantlary bilen
bilelikde eýesi arenda berýär, sen baryp diñe toý edip gaýdybermeli.
Bahadyr gelmänsoñ menem özüm ýöräbereýinle, restorany bilýän,
Bahadyryñam özi barybererda diýdim.Öýden çykmankam ýene bir
gezek Bahadyra jañ etdim, ýok, henizem öçük telefon. Çykdym menem
toýa diýip. Aý, özi bararda, tapmaýan ýeri dälle.Türklerde biziñki ýaly
gyz ýer aýratyn toý edenok, ýa-da edýänine men gabat gelemok.
Toýdan bir gün öñ gyz tarapda ''Kyna gijesi'' diýip üy$meleñjik bolýar,
asyl toý ertesi güni, gyz-oglan bile. Hawa menem bardym bärden
Gordamarinler ýaly bolup, gapyda gyz tarapdanam, oglan tarapdanam
toý eýeleri bar, gelen myhmanlary gar$y alyýarlar. Salam berip bardym
menem, tanamok hijisinem, çakylyk soraýanam ýok. Baýrak ýer bolsa,
Hotelde toý bolsa çakylyga beýlede dursyn, balagyña çenli barlar welin,
bular ortaça halkyñ toýy, onsoñam nätany$ adam näme üçin tanamaýan
adamsynyñ toýuna gelsin diýsene, geçiber diydiler mañada. Menem
girdim welin, ofissiant ''Dost sen haýsy tarap, gyzmy oglanmy?'' diýdi.
Menem ''Gyz tarap'' diýdim, gyz tarapyñ oturan ýerine ugratdy, menem
baryp oturdym. Aý hezil edip iýip-içip otyryn men, bir tarapdanam
Bahadyra jañ edýän, telefony henizem öçük. Sag tarapymdaky stulam
bo$, gelene ''zanýat'' diýýän, dostum gelýä diýip hiçkimi oturdamok.
Çep tarapymda-da bir injener oglan otyr gyz tarapdan, diýýän-ä hiçkimi
tanamok. Ol injener oglan bilen gürrüñde$ bolduk, Türkmen men
diýdim, hasam gyzyklanyp sorag sorap ba$lady. Menem onuñ bilen
gürle$ýän, kamera wideo alýar, kamera seredip ýylgyran bolýan, aramaram Bahadyra jañ edýän, telefon henizem öçük. Meni ýeke goýdy
diýip oña sögünýän. Türkmençe. ñ gowy sögünçlerden saýlama edip.
Soñ birdenka $agalañ boldy, hemme ki$i ör turup çapak çalyp
ba$ladylar. Toýuñ sebäpkärleri gelýär diýip anons berdi TMD. Hemme
ki$i turansoñ menem turup çapak çalyp ba$ladym. Gelin bilen ýigit
geldi, meñ üstimden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Seretsem, gelni
tanamok, ýigid-ä hijem tanamok. ''Toba essagpyrylla, bu nahili
boldugaý, Zeýnebi görmälim bäri üytgäpdir öýdýän, ýa-da makiaj bilen
üýtgedipdirler $uny'' diýip entägem ynanyp bilemok. Soñ, telefondan
Facebook-y açyp seretsem, Zeýneb-iñ toýy bazar güni ekeni. Menem
ýalñy$ toýa baryp, tanamaýan ýigidim bilen gyzyñ toýunda çapak çalyp
duryn. Bahadyr, 5-nji günden 6-njy güne geçilýän gije 1 de jañ edip
''Ertir taýyn bol'' diýip otdyh güni diýýär ekeni, menem 6-njy gün diýip
dü$ünipdirin. Meñ ertirim ýatyp turamsoñ bolýarda, seriala gyzygyp
anyk çislo-da seretmändirin, ertir diýensoñ ýatyp,ertesem toýa diýen
bolup gidipirin.Bolan zat boldy diýip $onda-da arkaýyn men, ''Aý,
borla, bildirmänjik oturaýyn, $u napitogymy içeýin, ya$laram
otursynlar, soñam gaýdarynda'' diýýärin, ýüzim podo$danam galyñ.
Ýanymdaky injenerem gyzyklanyp toý edýän gyz bilen nirede tany$
bolanymy sorady, ''Sen Esra-ny nireden tanaýañ, okuwdanmy?'' diýdi,
menem ''Hawa'' diýen boldum. çimdenem ''Men Esra-nyñ toýuna
gelmedim-ä, Zeýneb-iñ toýuna geldim'' diýýän. Soñ gyz tarap tansa
çykdy, menem bahana bilen turup ya$lara ''Aaaaaak ýooool'' arzuw
edip, ''Çääääpbiiii'' diýip gaýtdym. çimden. Toýuñ sebäpkärleri ertesi
gün toýuñ kassetasyny/discini görüp otyrka öz aralarynda ''Bu natany$
Shakrukh Khan kimkä, öz toýy ýaly arkaýyn iýip-içýär, kamera seredip
gülýär, tans edýär'' diyi$endirler.Soñam öýe geldimd-a ana
$eydip.Bahadyra-da hiç zat aýtmadym. Hezil edip serial gördim hiç zat
bolmadyk ýaly. Ertesi gün öýlän ýatyrkam bahadyr jañ etdi, ''McM,
ag$am toýa gidýäs dämi, taýyn bol-da otyr'' diýdi.Menem ''Ýok men
ýarawsyzrak, ýerimdenem galyp bilemok'' diýen bolup hakyky gitmeli
toýumyza gitmedim. Sebabi bugünem ol restorana gitsem restoranyñ
eýesi, restoranda i$leýän ofissiantlar diýer ''Eý bu oglan düýnem-ä
gelipdi toýa, bugün ýene gelipdir doo'' diýip. Ana $eyle.
Ýene bir gezek Orazalaryñyz kabul bolsun, Oraza Baýramyñyz gutly
bolsun, Allajan ýeneki ýyllara-da nesip etsin.
"DURMU$"
Men filosofiki, intellektual zatlar ýazmagy halamok, 2-3 sany klassiki
kitap ýa-da 2-3 sany ylmy jurnal okap intellektual boljak bolamok,
boljak bolýanlara-da geñ galýaryn. Men içimden näme ýazasym gelse
$ony ýazýan. $onuñ üçinem meniñ ýazan zatlarymy Ertir.com-yñ
gadyrdan agzalary gyzyklanyp okaýarlar, hamana öz ba$yndan geçýän
duýgular ýaly, sagbolsunlar. Ýogsa, gerek bolsa intellektualam ýazarys,
onda-da nemedip duramzok, ýöne maksat, okaýanyñ hamana öz
ba$yndan geçýän ýaly sada sözler bilen ýazmak. ne $u mowzukda-da,
intellektualsyraman, durmu$ barada öz pikirimi ýazmakçy. McM
agalaryndan, ýa$lara maslahat diyseñem boljak. (Soñky 2-3 sözlemde
menem intellektualsyradym öýdýän, özümi ýigrendim).
Durmu$... Özi 6 harpam bolsa, aslyýetinde özüne gör nähili zatlar
sygdyryp bilýär, herkime aýratyn oýun oýnaýar. Söýgülisi ýok
adamyñam ýa$aý$y durmu$, bar adamyñ ýa$aý$am. Baýyñ ýa$aý$am
durmu$, garybyñkam. Öýleneniñkem durmu$, men ýaly sallahyñkam.
$u günler, men töweregimdäki adamlardan durmu$ barada
närazalyklary köp e$idýärin. Hawa, elbetde durmu$ ýeñil däl, diý$im
ýaly, herkime öz oýnuny aýratyn oýnaýar. Men durmu$y, Barcelona
derwezesine hüjüm edýärka, birdenkä topy aldyryp öz ýarym
meydançasynda kontra ataka sezewar bolan Getafe fubolçylaryna
meñzedýärin. Ýöne goragymyz güýçli bolsa, durmu$a gar$y oýny 0-0
gutaraýmagymyzam ahmal. Ýeñip bilmeýän bolsak, ýeñilmerisem.
Emma gorag güýçli bolmaly, belki goragymyz güýçli bolsa biz kontra
atakdan 1-0 öñe geçeris we durmu$y utarys? Mysal üçin, 17 ya$yndaky
jigimiz gelýär ýanyma:
-Agam! Meñ ýagdaýym gaty erbet.
-Hä näme boldy jigim?
-Durmu$ bratok... Söýgi... Gyz meni ta$lady.
-Söýgi?
-Hawa McM agam, söýgi. Diýýän-ä gyz meni ta$lady.
-Hmm bolupdyr. Näçe ýa$yñda sen?
-17 agam...
-Aý, ýa$ ekeniñ-ä, men señ ýa$yñdakam her gün bir gyz bilen
nemetyä... Yhym-yhym, borla-how jigim. Her isleýän zadymyz bolsa
dünýäniñ ady ''Zalym dünýä'' bolmaz-da...
-Näme bolardy onda?
-Bäh... Bilmedim, edil birden soransoñ näme diýjegimi bilmedim...
-Görýäñmi, senem zat diýip bilmediñ.
-Jigim, ýa$yñ entäk kiçi seniñ, sen öñüñden näääçe gözel gyz çykar,
gamlanma...
-Aý, agam senem-ä... Özüñ söýü$mänsoñ diýäýýäñda... Saña añsat
ýalydyr...
ne $eyle diýýärler welin meñ depe saçym üý$ýar. Soñ $ol 17 ýa$ly
oglana berip duran maslahatym ýatdan çykýar we Pýannyý Masterdaky
Jackie Chan ýaly, Durna stoýkasynda durup, $ol patsany depýän.
(Görmedigiñiz bar bolsa tapyp görüñ-ow $u kinony, üýtge$ijek
filosofiki sözler bar. Oýun edýän hehe, filosofiýa ýok, Jackie Chan
alka$ bolýa, iñ soñunda komerçeskiden arak alyp içýär, soñam
hemmesini depýär, görmäñ gowusy). Köplenç maña diýýän zatlary
näme diýsene, ''Dost, señ durmu$yñ hezilaý, hemi$e $adyýan gezýäñ,
gaýgy aladañ ýok.'' Aslyýetinde bilenoklar, ''$adyýan adam, iñ gamgyn
adam.'' Ol, içindäki gussany gizlejek bolup $adyýan görünýär. Bäh,
görýäñmi, menem akyllysyrap ugradym. Men bärde 17 ýa$yndaky
jigimiziñ söygüsini kemsitjek bolamok, woob$em söýgini kemsitjek
bolamok, söýgi çyndanam adamy omma oturdýar. 80 kilo adamy, 2
aýda 60 kilo öwürýär, hat-da, okap ýören okuwyny ta$lap Ankara gaçar
ýaly edýär. Oña sözüm ýok. Yöne diñe ''Söygülim meni ta$lady'' diýip
durmu$dan öýkeläp, iýmän-içmän ýörmek bolmaz jigim. Sen erkek
adam-a, 1-2 gün agladyñ, bolýa, ýöne näme tutu$ durmu$dan ejizleýäñ?
Öñüñde nesip edeninden ulllllaaaaaaaakaaaaaaan durmu$ bar, seniñ
öñüñe näääääääçeeee pursatlar çykar. Näme üçin durmu$dan doýan
ýaly aglap-eñreýäñ? Näme üçin durmu$ bilen göre$eñok, durmu$a
ultimatum bereñok? Sen ýa$yñ entäk 17, entäk 350 kilometrlik MaryA$gabat ýolda wokzaldanam çykanok.Akylly bol, sesiñe bat berme. Sen
kän ünsem berýän dalsiñ welin, durmu$da söýgiden has möhüm
wakalar bolup geçýär. 2 hepde öñ, 25 ýa$yndaky uzagrakdan tany$
oglanym aýryldy.Ynanar ýaly dal, aýrylmazyndan 3-4 gün öñ bazarda
gabatla$ypdyk, Sentýabrda toý etjek bolýardy, aljak gyzyna ýüzük
almak üçin bazara çykypdyr. 3-4 gün soñam ma$yn sürüp barýarka
ýüreginden tutupdyr, jan howluna tormoza basypdyr, ýöne özi
gynansagam aýryldy. ndi $ol pahyryñ aljak gyzynyñ ýagdaýyny göz
öñüne getir? Soñam, seniñ line-da bolgusyz zat üçin ur$up gyz bilen
aýryly$anyñy göz öñüne getir. Hawa, adalatly deñe$dirme däl, ýöne
men diýjek bolýanym, durmu$ kyn-how, senem Getafe-niñ goragçysy,
Barcelona gar$y berk durmaly. Mysal üçin, sen heeý da$aryda ýatyp
gördüñmi hää? Da$aryda ýatdyñmy diýsem, tomus güni topçanda, hezil
edip nemedip ýatanyñy diýemok. Sowuk gy$ güni, parkda skameýkada
ýatyp gördüñmi? Men 10 gezek dagy ýatandyryn.Wakany drama
öwürjek bolamok, bir zat dü$ündirjek bolýaryn. Näme üçin ýatdyñ, sen
näme samsykmy, manýakmy diýýänsiñ. Bilmedim-dä, gögeledim
ýatdym, kakam sögdi diýip ýatdym, öýden kowdular diýip ýatdym,
manýak bolup ýatdym, samsyk bolup ýatdym, Ankara-da açary öýde
ýatdan çykaryp ýatdym, serho$ bolup ýatdym,garaz ýatdym-da. Ýatdym
diýsem, ol sowukda uklamadym elbetde, ýogsa gatap galardym, ýöne
skameýkada ertire çenli gy$aryp gara$yp gördüm. ne ýene Ankara-da
açary ýatdan çykaran günlerimiñ birinde, gije skameýkada 2 eplenip
oturyp , indi-hä iller turandyr, zwonoga arkaýyn basaryn diýip öýe
barýardym. Öz ýanymdan, ''Bugün otdyh güni, häzir öýe baryp
gyzgynjak du$yñ a$agyna girerin, zawtrak edinerin, soñam hezil edip
ýataryn'' diýip barýaryn. Edil $ol wagt, uly köpriñ a$agynda, bir
gymyldy duýdym. Seretsem, köneje odeýolyñ a$agyndan bir kelle
görünýärdi we sen ýa$yña golaý, 16-17 ýa$yndaky bir oglanjyk, dyzyny
garnyna çenli iiñ soñkysyna çenli epläp ýatyrdy, dodagy, ýüzi zady
sowukdan göm-gök bolupdy. Ana, dogrymy aýtsam men
''Soçuwstwiýe'' diýilýän söziñ manysyna $ol wagt dü$ündim. $onuñ
üçinem, ''Meni söýgülim ta$lady, men indi özümi öldürjek, men nahar
iýip-içjekdäl, men eýle, men beýle'' diýýäñ-ä sen. Diýme... Durmu$da
has agyr wakalar bolýar. $ükür et-de i$iñ bilen bol. Söý, söýül, ýöne
ejizleme. Garaz, indi meniñ ýanyma ''Söygülim meni ta$lady, men
özümi öldürjek'' diýip geläýseñ bara, seni jemgyýete peýdam bolsun
diýip, hiç azap hak talap etmän, keýpine uraryn bolýarmy? Ýadasam
dynç alaryn, dynç alyp bolup ýene uraryn. Ötägit. Azar berme. Aýdym
diñleýän men:
Oooýýý Güleeendaaaaam, güüül Gülendaaaaam...
"GÜRRÜÑI PUÇ EDÝÄN ADAM"
''Gürrüñi puç edýän adam'', hemmämiziñem töweregimizde barmyka
diýip pikir edýärin. Käwagt jigimiz ýa-da doganymyz, käwagt dostumyz
ýa-da joramyz, käwagt ejemiz ýa-da kakamyz, kawagt hem özümiz,
''Gürrüñi puç edýän adam'' bolýarys. ''Bäh, bu ýene bir zatlara diýýär,
gürrüñi puç edýän adam näme diýmekkä?'' diýýäniñiz bar bolsa,
derrewjek dü$ündireýin,ba$ardygymdan. Gyzygyp, tolgunyp bir zat
gürrüñ berip durkañ, gürrüñ berip duran adamlaryñ arasyndan biri ýa-da
gürrüñ berýän wakañ $aýady bolan ýolda$yñ, sen gürrüñiñi puja
çykarjak, seniñ gürriñiñ tersine bir zat diýýär-ä, ana $ol, ''Gürrüñi puç
edýän adam'' bolýar. Köçe dilinde ''Oblom etmek, oblom bolmak''
diýseñem boljak. $eyle waka hemme ki$iñem ba$yndan geçendir
durmu$da, ba$ymdan geçmedi diýýän adam öýden çykman ýa$aýandyr,
durmu$dan bihabardyr. Käbir mysallar bilen, aýtjak bolýan zadymy
giñi$leýin dü$ündirmäge synan$aýyn.
ne, 2-3 günlikde bolan bir wakany gürrüñ bereýin. Dost oglan bilen bile
köçede yöräp barýardyk. 15-20 metr öñümizde, trotuaryñ ortasynda, bir
it ýatyrdy. Menem it gaçsyn diýip iki aýagym bilen ýeri depip
tarpyldatdym. Näbileyin, turyp gider öýtdim. Turup gitmedi, gaýta bize
tarap señkildäp gaýtdy. Bu nähili güjük, häsiyeti nähili, di$larmi,
gaparmy, nireden bileli, bizem assyrynlyk bilen yza tarap ökjani
göterdik, gaty-gaty ýörap yza gaytdyk. Seretsek, entägem yzymyzdan
gelýär,köçede çaga e$ik satýan magazin bardy, $oña girip çaga e$ik
bahaladan bolduk. Men tötanleýin magazine giren ýaly çaga e$ik
bahaladýan, dost oglanam aýnadan da$ary seredýär. Soñ dost oglan,
''McM, gitdeý güjük, ýör indi gidibereli'' diýdi. Magazinçam geñ galýa,
näme diýýäñ? Güjük? Hany güjük? diýip ba$agaý. Menem ''Bilmedimdä, Maksat güjük diýýäñmi, nämäñ güjügi?'' diýen bolup magazinçi
bilen sagbolla$yp çykdym. ne $u ýerde, ''Gürrüñi puç edýän adam''
meniñ dostum bolýar. Men ne bir it geçýänçä diýip çaga e$ik
bahaladýan, ''Bular ýüñmi ýa poliýestermi, çaga geýse zyýany bolmaza, satanyny bi$iräýmez-ä'' diýen bolup magazinçini güýmeýän,
dostumam ''Ýör gidibereli, güjük gitdi'' diýip hemme zady puç edýär.
Men $u ''Gürrüñi puç edýän adama'' gaharly, $onuñ üçinem birnäçe
mysal berip $ony ýazgarmakçy.
Dünýä kubogynyñ finalyndan öñ, Braziliýa toparynyñ oýunçylary we
ba$ tälimçisi, tegeleni$ip biri-biriniñ eginlerine ellerini goýýarlar we
ba$ tälimçi gürläp ba$laýar. Ba$ tälimçi:
-Oglanlar... Halkymyz bizden kuboga gara$ýar... Halkymyzy
begendireliñ...Finala çenli geldik, indem kubogy alman gitmäliñ...
Meýdança çykyñ we iñ soñky damja deriñize çenli söwe$iñ...
Gürrüñi puç edýän adam/futbolçy:
-Ýolda$ tälimçi, bagy$lañ, sözüñizi bölýän welin azajyk añyrrakda
gürleseñizläñ... Sarymsak iýipsiñiz öýdýän, ýaman erbet agzyñyz
porsaýar...
Ba$ talimçi:
-Neýmar, $ortigiñi ýyrtaryn seniñ...
Gürrüñi puç edýän adam/futbolçy:
-Sakgyç çeýnäýiñ bolmasa,nemedäýiñ...
***
Ýolda$yñ bilen A$gabat-dan Mara gitjek bolup dursuñ we taksiste
nyrhy dü$ür diýýärsiñ. McM:
-Aý agam, 1 ki$ä 80 müñ manat gymmada, näme beýle, nyrhy
galdyrmañ-da, ilden çyksañam nyrhdan çykma diýipdirler... Biz Marydan gelenimizde 60 müñ manada geldig-ä, beýtme-dä... 60 bereli,
özümizem 2 adam, derrew dolup gideris häzir...
Gürrüñi puç edýän adam/ýolda$yñ:
-Goýsana how McM, senem uçaýýañaý. Mary-dan 90-a geldig-ä...
McM:
-Da$ ýokmaý da$, mañlaýyña berer ýaly...
***
12 rauntly, 1 million dollarlyk sowgatly professional boks bäsle$igi...
11-nji raund-yñ ahyrynda, tälimçi çünkde boksýora goltgy bermek üçin,
ol kinolardaky ýaly gahar edip basle$igi utsyn diýip boksýora maslahat
berýär:
Talimçi:
-Gayrat et Maýkl... Sen ýeñiji bolarsyñ... Kän ýakynyna barmanjyk
uru$... Bokowoýyndan ägä bol... Bu bäsle$ikde sen hökman
ýeñäýmeli...Sowgat 1 million dollar... Sen bu pul bilen kreditiñi
tölärsiñ...Täze jaý alarsyñ... Çagalaryña, aýalyna gowy durmu$
hödürlärsiñ... Ýogsa-da olar gedaý bolup köça çykarlar, meni e$idýäñmi
Maýkl, ma$galañ üçin $u Negri ýeñmeli sen...
Boksýor:
-Yeeaah coach... Dogry aýdýarsyñ,damn it...
Boksýor-yñ ýanynda polotense bilen ýüzüni ýelpeýän adam/gürrüñi puç
edýän adam:
-Aý ýeñip bilmäýmese... Negr 23-6 öñde. San bilen-ä hijem ýeñip
bilmez, knock-out hem edip bilmeýä bu bol$y bilen... Sered-ä muña, i$i
gaýdypdyr... Negr bir ýumruk ursa özi knock-out bolýara muñ...
Talimçi:
-Mother f.cker William, shut the f.ck up...
***
Agajanh, Ertir-de bolup geçýän käbir ýagdaýlary, tolgunyp agzalara
gürrüñ berýär.
Agajanh:
-Gadyrdan agzalar, Ertir saýtmyzy has ösdürmek üçin, geljekde has hem
belli bolar ýaly, kaçestwany has hem ýokary galdyrar ýaly, 17 ýa$dan
kiçi ähli agzalarymyzy banladyk... Mundan beýläk, saýtda -17
degi$melere mowzuklar bolmaz, galyberse-de 17 ýa$yndan kiçiler
hijem agza bolup bilmezler... Ýa$asyn Ertir.com...
Gürrüñi puç edýän adam/Lalik_de_Souza:
-Salam salam xd xdxd... Men häzirem Ertir-de agza... Men-ä
banlanmadymam xd xd xd... Men 15 ýa$ymda $onda-da men Ertir-de
xd xd xd... Hala$ýan gyzym 14 ýa$ynda xd xd xd...
Agajanh:
-Moderler, neme... Hany tans plo$$adkasyny giñeldeliñ azajyk,
prissebiñ öñündäki çagalary gyra çekeliñ-le... Size diýdima giñeldeliñ
diýip... Klasda$lary tansa çykjak diýýä, çagalar päsgel bermesin...
Nemediñ hany...
***
McM, öz temalary hakynda agzalara gürrüñ berýär.
McM:
-Men ýazan wagtym okaýan adam ýadamasyn, gyzykly bolsun diýip,
azajyk fantaziýa ula...
Gürrüñi puç edýän adam/agza:
-Men-ä señ temalaryñy okamok...Özüñem uzyn ýazýañ, ba$ga-da
okaýan bardyr öýdemok... Ýöne seniñ 50-den gowrak nigiñ bar we sen
$ol nikler bilen ýekänme-ýekän girip özüñi plýuslaýañ... Temalañ
manysyz, ýumor duýgyñ ýok... Durmu$da men hiç señki ýaly waka
gabat gelemok...
McM:
-Bolýa how dost, nätdiñäý... Näme ýamanlygym boldy meniñ saña,
okamasañ okama-how, beýleräkden aýlanyp geçiber meniñ adymy
göreñde,nädýäñaý, bar awyñy pürkdiñay dost...
Gürrüñi puç edýän adam/agza:
-Onsoñam men señ dostuñ däl... Özüñem çmo meñzeýäñ...
Biläýmedimdä... Ýazýan zatlaryña göra çmo ýaly sen...
McM:
-Hää, $eýlemi asyl, men çmo hää?.. Sen bärräk gelsene dost... @Ýaran,
$ol ýanyñdaky pil sapy bersene maña... Hawa, $ol gyradaky ýogyn pil
sapy... Kätmen bolsa-da bolýar, tapawudy ýok...
Gürrüñi puç edýän adam/agza:
-Galyberse-de siz gaty zalym adam ekeniñiz McM! Heýem bir pil sap
bilen adam urularmy.
McM:
-Gürleme ''Gürrüñi puç edýän adam'', uzat kelläni bärik...
Ana $eyle.
"ÖZÜNI OÑAÝSYZ DUÝÝAN ADAM"
Adam pahyr, kä ýagdaylarda özüni köpçüligiñ içinde oñaýsyz duýýar.
Ol biziñ elimizde däl, kim özüni köpçülikde oñaýsyz duýmak islär
diýsene gadyrdan? Aslyýetinde temanyñ ady ''Masgara bolýan adam''
bolmalydy welin, azajyk ýum$adaýyn diýdim. Bolýa, gitdik onda:
1-Ertir-e gelip, etmesiz zat edip özüni oñaýsyz duýýan adam:
Etmesiz zadam däl-de, öwrenjeräk bolansoñ bilenok-da, saýtyñ ugruny
tapman erbet kösenýär täze gelen adam. Men $u ýere ilkinji
registrassiýa bolamda Agajanh-dan hat gelipdi. ''Salam, men FBR,
$eýle-$eýle düzgünlerimiz bar, ýogsa seni Ertir-den kowarys, akylly
bol'' diýýän hat, bilýänsiñizle, registrassiýa bolanda her kime gelýär-ä.
''Ho$ geldiñ we duydury$ haty''. Men bara, $ol hata çynym bilen oturyp
ýarym sagat jogap ýazdym bilýäñmi dost? ''Bor dost, arkaýyn bolaý,
düzgünlere uýarys, biz çaga däl-ä'' diyen bolup. Hemme ki$ä gelýärem
eken ol hat, ýöne $oña oturyp jogap ýazan Ertir-iñ taryhyndaky ilkinji
adam men bolaýmasam. Ýarym sagat jogap ýazdym, ugratjak
bolsam,bolanok. Diñe dostlary ugradyp bilýä diýýä, hamana Microsoftyñ eýesi. Borlaý diýdim, bar onda dostlañ bilen ýazy$yber diýip
"goýbolsun etdim". Birem, men geläýen wagtym, bir agza maña sowgat
ugradypdy, menem begenipdim, ''Bäh, eýýäm gelenimi bilip maña
sowgatjagaz zat ugradýarlar, tüweleme'' diýip. Soñ eýdip-beýdip $ol
agza hat ýazypdym, sowgat üçin sagbolsun aýdypdym. Olam ''Dost men
saýtdan gaýdyp barýan, $onuñ üçin gabat gelene sowgat ugradýan''
diýipdi, men bolsa maña liçnymikä diýipdim sowgat. Ýeri bolýa-da
sowgady aldyñ, tañ etdiñ, sagbolsunam aýtdyñ, otur-da $eýle dälmi?
Ýok, gaýta ol agza ''Dost näme gaýdyp barýañ, men geldim, senem
gaýdyp barýañ?'' diýen bolýan. Hamana ony öñden bäri tanaýan ýaly,
gelenime 2 sagadam bolanok ýogsa.Aý, nädeli-dä, özümi ýakyn
duýdum $oña, näme-de bolsa meniñ bilen ilkinji aragatna$yk eden agza.
ne, Agajanh-a hat ýazanymdan we $ol agza ''gitme'' diýen bolup töwella
edenimden soñ, özümi oñaýsyz duýupdym.
2-Bilmeýän aýdymyñda agzyñy gymyldadan bolup, tutulansoñ özüni
oñaýsyz duýýan adam:
Bardyrlaý siziñem töweregiñizde, käwagt özümizem edýäris. Bilmeýän
aýdymyñda agzyñy gymyldadan bolup, soñ ýanyñdaky ''Yzy nämedaý?''
diýende, gözüñi petredip duransyñ, ''Mmm... neme... yzy neme...'' diýip.
-Ýöraniñde bozman ýeriñ gaýmaaagynnn...
-Hmm hmm....riñ gaýmagynnn...
-Owsun atar egniñdäki kööýýnegiñññ...
-Hmm...hmmm... däki köynegiñ...
-Yzy nämedaý?
-Neme... Namedaý $ol... Dilimiñ ujunda welin ýadyma dü$enok-da...
Çilim bersene (Gürrüñi ba$ga tarapa öwürýär).
3-Awtobusda oko$kany açyp bilmän özüni oñaýsyz duýýan adam:
Awtobusda barýarsyñ, howa erbet yssy, ýolagçylañ biri oko$ka eliñ
yeter diyip senden haýy$ edýär:
-Balam, $u oko$kany açaweri, howa gaty gyzgyn...
-Bolýa daýza, açaýyn... Hykkk...Hykkykk... (Ähli ýolagçylaryñ gözi
sende... Seniñ kelläñde bolsa $ol wagt her hili pikir bar... Açyp
bilermikäm masgara bolmanjyk... Samsyklap ugrarsyñ... A nokadyndan
(ýagny ýeñseden) hereket edýär der damjajygy, 100 km tizlik bilen B
nokadyna (ýagny syrta), näçe wagtda açylýaraý bu oko$ka).
-Dur balam dur, sen açyp bilmediñ... Sapy bar, $ondan nemetmeli...
Hany açsañyzlañ $ony, bu çaga kösenip dur-a...
-Hää, sapy bar diýsene...
Men jigimiñ ba$yndan geçipdi $eyle waka, bir gyz emaý bilen jigime
''Aý oglan, oko$kany açsana'' diýipdi. Jigimem akkumulýatory gutaran
ma$yny itýän ýaly $unça dyzasa-da açyp bilmändi. ''Elim ýetenok''
diýip bahana tapdy, açyp bilmänsoñ aljyrabam öñünde oturan 60 ýa$
töweregi ýa$ulyñ böwrüne dürtip ''Dost oko$kany açsana'' diýipdi, özi
$ol wagt 16 ýa$yndady. Soñ ýalñy$yna dü$ünip utandy, awtobusyñ
ýokarsyndaky kry$a dyrma$yp awtobusdan çykyp gaçdy, hehe.
4- Ba$ga biriniñ etmi$inden utanyp, özüni oñaýsyz duýýan adam:
Mysal üçin, köpçüligiñ ulanýan hajathanasyna baryp girersiñ. Seretseñ,
tuwalet hapa, uly täret bar. Senem dessiñe yzyña öwrülip çykarsyñ.
Çykan wagtyñ oçerdda gara$yp duran adama ''Ol içeridäkini men
nemetmedim'' diýýän ýaly naýynjar gararsyñ. Bu ýagdaý, köp adamyñ
ba$yndan geçýär. Öz ba$ymdan geçen ba$ga wakany aýdaýyn
gysgajyk: Ýatmankam balkona kirleri sereýin diýip çykypdym. Köçe
garañky, $ol wagtam bir serho$ adam köçeden uly ili bilen gygyryp
Tarkanyñ aýdymyny aýdyp barýar, doñ. ''Hüp diýip içine çek meniiiii
çek meniiii'' diýip uly ili bilen gygyryp aýdym aýdýar. Öñümizdäki
domdan 2-3 sany zanaweska açyldy, maña seredýärler. Gijäñ ýarysy
men aýdýamykam diýýärler. Menem özümi oñaýsyz duýdym $ol wagt,
elim bilen ''Men däl, ana ol aýdýar'' diýip serho$y görkezenimi duýman
galypdyryn. Men aýtsam Tarkan-yñ aýdymyny aýdarynmaý, Nury
neressäñ aýdymlary barka, tanamansyñyz-ow goñ$yñyzy.
5-Gyzyñ ýanynda ýykylyp/büdräp özüni oñaýsyz duýýan adam:
Ankaradaky kwartiram 4-nji etajda, bir gün çörek almaga çykdym.
Okuw gutardy, herkim öýüne gaýdýar. 3-nji etajda ýa$aýan
gon$ymyzyñ gyzam ullakan paketde zibili da$aryk çykarjak bolup dur
ekeni. Göteribem bilenok, menem kömek edeýin diýip pakedi aldym.
Ýany basgançakdan dü$üp ba$ladym welin, basgançagyñ ujyna degip
köwü$im taýdy, gaýtdym kelemenläp, bijaý ýerim bilen basgançakda
pianino çaldym ''Pyt pyt pyt'' diýip. Köw$em arzanjak köwü$, ''Aý,
eýläk- beýläk, magazine çykamda dagy geýerin-dä'' diýip alypdym. ne
$eylerak köwü$ gatyrak ýöreseñ taýdyrýar. Basgançagyñ gutarýan
ýerinde durdym, paket zat ýatdan çykdy, özümi oñarsam kaýyl.
Pakedem menden 2 sekunt soñ ýanyma gelip durdy. Gyzam gygyrýar iñ
soñkusyna ''Näme boldy, bir ýeriñizi agyrdana dälsiñizdä'' diýip.
''Ýoklaý, bolan zat ýok'' diýen bolup turdym, eger $ol gyz bolmadyk
bolsa möññürip aglardym $ojagaz çerde, ýaman erbet agyrdy syrtym.
Bilýänsiñizle, bijaý ýeriñize ýykylyp görensiñiz, erbet agyrýa süñke
dagy degse, geçi ýaly mäledýä.
6- Nätany$a, tany$ydyr öýdüp oýun edensoñ özüni oñaýsyz duýýan
adam:
Bu ýagdaý meñem ba$ymdan geçendir, anyk ýadyma dü$enok. Ýöne
dost oglanyñ ba$yndan geçen hakytdanam gülkünç: Bir gyz bilen bir
oglan fakultet-iñ içinde gürle$ip dur.Dost oglanam muny öz tany$yna
meñzedip ýuwa$lyk bilen yzyndan baryp ýeñsesine $arpygy çalýar. Ol
oglanam Snoop- Dog ýaly horja oglanmy$,ýeñsesine $arpygy berensoñ
öñe tarap südenekläp gidýar. Soñ yzyna seretse, biziñ dost oglanyñ
tany$y däl, nätany$ bir oglan. Zordan sypypdyr bagy$la diýip.
Näbileýin diýýä, yzyndan seretseñ ýaman menze$ diýýä.
7-Bolmasyz ýerde telefonyna jañ gelip özüni onaýsyz duýýan adam:
Telefonym döwülende ussa berdim, wagtlaýynça, telefonymy
bejerýänçä maña bir telefon beripdi. Nokiañ ööööñki modeli okuwda
sapak geçýäris, professoram adaty professor däl. Demirgazyk Koreýanyñ prezidenti ýaly zabun. Sapaga özünden soñ girseñ, sapakda
gürle$señ (Sapakda ýanyñdakydan ruçka sorasañam bolanok), telefon
oýnasañ, jañ gelse,gyrjy, däliräp özüni ýitirýär, masgara edýär. Menem
iñ öñdäki partalarda otyryn, auditoriýada 60-70 okuwçy dagy bar.
Birdenkä telefonym gygyryp ba$lady. Men telefony sapaga giremde
öçürýädim, ýöne ýatdan çykypdyrmy nämemi, telefon bilbil gu$ ýaly
"Zülülü, lülülü" diýip gygyrýar. Professor, ukol urulan 1-nji klasyñ
okuwçysy ýaly ziñkildäp gygyryp ba$lady, ''Kimiñ telefony gygyrýan
bolsa auditoriyadan çyksyn'' diýýär. Bildirmänjik elimi jübime sokup
telefony öçürjek bolýaryn, bolar ýaly däl. lki ''*''-a basyp soñ zamoga
basmaly, ýogsa eger-eger gymyldanogam. Töwerekdäki okuwçylaram
maña seredýär. Menem elim bilen sermeläp öçürjek bolýaryn, öçürip
bilemok, tapar ýaly däl zamogy. Jübimdenem çykaryp bilemok, görse
hasam dälirap meni auditoriyadan kowar diýip. Bir sellem soñ,
telefonyñ sesi ýitdi. Ynjalarmykam diýsem, 1 minut ýaly soñ ýene
gygyryp ba$lady, menem $ol wagt aýlaýana sögýän, ba$ga wagt
tapmadyñmy diýip. Garaz bolar ýaly däl, "Zülülülülü" diýip gygyrýar,
sesem iç ýakgyç. Ýerimden turup içimden "Men gaýdybereýin onda''
diýýärin, hamana myhmançylyga bardym we gaýtmak üçin rugsat
soraýaryn. $eýdip çykyp gaýtdym, professoram arkamdan hüñürdäp
galdy. $ol telefon häzirem bar mende, ussa sende durubersin diýipdi.
Aý, hawa-da, remont pul diýen bolup oñam bahasyny alandyr. Dur
ana,ulanamogam. Käwagt hoz, $änik döwýän onuñ bilen, stena çüý
kakýan.Ana $eyle. Entägem bar welin, tema uzyn boldy,
nemetmersiñiz-dä...
"AT"
Adam pahyr, öñ hala$an gyzy/oglany toý etse erbet bolýar. Aradan wagt
geçse-de, heriñiz öz durmu$yñyza dowam etseñizem, toý habary
e$idilende içiñden bir zat gopup giden ýaly bolýar. At basman diýen
ýerine 1000 gezek basarmy$. Söýgi oduna bir gezek ýanan adam,
indikide söýmäge gorkýar. $onda-da ýürege erk edip bolmaýar, söçginiñ
nirede we haçan du$jagyny bilip bolmaýar, näme, bolmady diýip saçsakgal goýberip Mejnun kimin çöle çykalymy? Onsoñam ol oglan/gyz,
eýýäm öz durmu$yna dowam edýär, senem dowam etmeli. Gynanmaly
dälmi? Gynanmaly, ýöne çeni-çaky bilen. Ine $u hekaýadaky at, men
bolýaryn. Basman diýen yerime 1000 gezek basdym. Bu hekaýa, XX
asyryñ ahyrlarynda, XXI asyryñ ba$larynda Türkmenistan ilinde ýa$ap
geçen, at gazanan halk $owsuzy, $owsuzlyklaryñ $asy, durmu$ bilen
synagynda ýykylsa-da her gezek turup göre$mäge synany$ýan adamyñ,
ýagny dostuñyz McM-iñ $owsuz söýgüsiniñ hekaýasy dostlarym. Maý
aýynyñ ahyrlarynda, uly ekzamenleriñ öñinçäsi, uniwersitetde festiwal
bardy. Festiwal, uly ekzamenden öñ, okuwçylar azajygam bolsa gaýgyaladany ýatdan çykarsyn, okuwy gutarjak okuwçylar üçin ýatlama
bolsun diýlen maksat bilen gurnalýardy. Gündiz standlar gurnalýar,
ag$amam konsert bolýar, uniwersitet belli aýdymçylary çagyrýar
konserde. Bizem dost oglan bilen dille$dik, ag$am konserde gitmeli.
Dost oglan, "Ag$am men enemlerde bolaryn, senem enemlere gel, enem
ýarawsyzrak, hem senem enemiñ ýagdaýyny sorarsyñ, enemlerdenem
uniwersitediñ konserdine gideris" diýdi. Ag$ama golaý öýden çykdym,
öñ dost oglanyñ enelerine baryp göremok, jañ edip adresi aldym. Hassa
zyýaratyna nähili barsamkam diýip pikirlendim, hassa zyýaratyna
Türkler köplenç süýt ýa-da süýt önümleri alyp barýarlar. Süýt alaýyn,
elim bo$ gitmäýin diýdim. Soñam, "Aý, herkim men ýaly pikir edip
süýt elten bolsa öý moloko seh bolandyr" diýip goýbolsun etdim, ba$ga
zat tapmaly. Köçede 1 hepde-10 gün öñ täze e$ik magazin açylypdy,
seretsem aýnasynda ullakan ýazgylar bar: "Hemme zat mugda ýakyn
baha!", "Ba$lyk däliredi, 50% skidka!", "Dükany bo$adýarys!", "$u
taýdan zat alman geçseñ ba$yña bela gelýär ýakynda!", "Zat almadyk iñ
soñky adam!". Ünsimi çekdi, "Bäh, kimkä bu dükany açanyna 10
günem bolman munça skidka edýän, uniwersitetleriñ ykdysadyýet
fakultetlerinde sapak edip okatmaly däli ba$lyk’’ diýip girdim. Girdim
girmesine welin, doga etdilermi, jadyladylarmy nämemi, bir seretsem
kassada garrylaryñ geýäýjek jempiriniñ bahasyny töläp durun.
Dostumyñ enesine garrylañ geýäýjek, ilikleri ortadan dakylýan jempir
aldym sowgat diýip, arzanjak. Dostumyñ enesiniñ öýüne bardym,
dostum gapyny açsa bir aýal dur öñümde. Men garrydyr, sähel zat bolsa
üär, $u jempir gowy bolar diýip barsam, enesi polnyý makiaj, saçam
düzedilen, $pilkaly blotnoý aýal ekeni. Elinde çilim, "Ho$ geldiñ
çagajygym" diýip dur, hassa meñzänok. Paketdäki sowgady
bermedimem, bermek barada pikirem etmedim hatda, darajyk kolgotka,
pilka köwü$ bilen gezip ýör daýza, men ol jempiri nädip bereýin ol
daýza, dö$ümiñ üstünde oturyp ýüzümi ýumruklar ol. Oturdyk azajyk,
nahar iýdik, soñam konserde diýip çykdyk. Dost oglan ma$yn sürýär,
menem gapdalda otyryn, swetaforda durdyk. Ýanymyzda-da Range
Rover durdy. Bu oglanam ma$yn süren wagty göterimräk, Range
Rover-iñ $ofýoryna seredip ma$yna gaz berýär. Range Rover-iñ
$ofýoram 40 ýa$larynda adam, olam gaz berdi. Dost oglan ýene gaz
berdi, beyleki $ofýoram gaz berdi. Men eýýäm boljak zada dü$ündim,
dost oglan ýary$jak bolýar. Forsaj-daky Vin Diesel ýaly gaza basyp,
gözlerini süzüp swetafora seredýär.Ýagdaýa dü$ündim, derrew "Eý,
beýtme, ýary$ma-how, sen ma$ynyña seret, birem oñka’’ diýsemem
diñlemedi, pedala basdy. Swetofor bize ýa$yl ýandy, gaza hasam beter
basyp ma$yny gygyrdyp ugrajak boldy, 2-ä geçirip ugrajak boldy welin
ma$yn silkinip-silkinip durdy, Range Rover uçup gitdi ýanymyzdan,
biziñ Renault-ymyzam ejizläp gygyryp durdy.Masgara bolduk, yzdanam
ma$ynlar signal berýär, dü$üp gyra itdik. 10 minut soñ ugradyk, itip
bizar boldum, köçeden geçip barýanlardanam haýy$ edip ma$yny
otladyk. Uniwersitediñ konserdine bardyk, tany$ oglan-gyzlarymyzy
tapdyk. Konserdem nähili diýsene, ulyyyyy plo$$adka, talyplar aýdym
aýdyp tans edýärler, köpüsem doñ. Menem "Öýlenýän ýigidiñ jan
ýalyjak klasda$lary" ýaly bolup gyrada duryn, biziñkiler tans edýär.
Soñ, $ol taýda biziñkileriñ arasynda ýuwa$lyk bilen tans edip ýören bir
gyza gözüm dü$di. Gyz meniñ gözüme beýlekilerden üýtge$ik bolup
görünýärdi, hamana Garagum çölünden bir keýigi tutup konserde
goýberen ýalydy, Türkmen gyza meñzeýärdi. Hawa, ýürek Afrikaly,
Türk, Eýran, Hytaý diýip duranokdy, halasa halaýardy. Gyrada kän
duryp bilmän menem bardym aralaryna, rock aýdymda, hip-hopçylar
ýaly diñe ba$am barmagymy we külbike barmagymy galdyryp tans
etdim. Tans gutaransoñ gyz bilen tany$dyrdylar, ba$ga fakultetde,
mugallymçylyk okaýardy we menden 1 kurs uludy. Menem ol wagtlar
uniwersitetiñ Facebook sahypasyna ýañy admin bolaýan wagtlam,
özümi görmeselerem tanaýarlar, okuwyñ sahypasynda Ertir-de ýazýan
ýazgylarym ýaly ýazgylar ýazýan we 23 müñ adamlyk sahypanyñ
admini, garaz az-da-kän-de tanaýarlar görmeselerem. Uniwersitediñ
Facebook sahypasynyñ admini diýensoñlar, gyz hasam
gyzyklandy,ýazýan zatlarymy gyzyklanyp okaýandygyny aytdy,
Türkmendigimi bilensoñ-a hasam geñ galdy, nädip Türkçäni beýle
gowy öwrendiñ diýdi, Al Paçino ýaly çilimi içime çekip "Soñ aýdaryn"
diýen bolup ba$ga ýere sereden boldum, maña-da geregi $ol, sebabi
gyzy haladym. Adatda, men nätany$yñ ýanynda kän gürlämok,ýöne $ol
gün gürläp enegim agyrdy, ynanaý. Soñam ba$ga ýerlerde, ýene
tany$larymyz bilen bu gyz bilen gabatla$dyk. Bir gezek gyzdan "Sen
meniñ nirelidigimi bilýärsiñ, sen maña nirelidigiñi aýtmadyñ, sen
nireli?" diýipdim. Gyzam "Men X $äherden" diýipdi. Oýun edip "Onda
menden da$rakda dur, X $äherli bir adam bilen bir ýylany bir halta
sokupdyrlar, ýylan meni gutaryn $u X $äherliden diýipdir" diýip
suwjykladym. Gyz gaty gördi, gaty görenini bilip "Degi$ýän, gaty
görme" diýdim. Gyz, "Men X $äherli bir adam bilen ýylany bir halta
sokupdyrlar diýeniñ üçin gaty görmedim-ä, menden uzagrakda dur
diýeniñ üçin gaty gördüm" diýip namýok berdi, namýogy aldym. $ol
günden soñam söýgüli bolduk dostum.Arada bolup geçenleri gürrüñ
berjek däl, ýöne 1 ýyldan gowrak söýgüli bolduk. Arzuw ederdik,
Türkmenistana gidip çölde düýe münmek hyýaly bardy… Gelinalyjada
düýä münmek isleýärdi, men Nury Meredow diñlamsoñ, olam
öwren$ipdi, Nury neressäñ köp aýdymyny ýatdan bilýärdi. Gaharyny
getirsem "Garratma meni" diýip hiñlenýärdi. Wagt geçdi. Gyz okuwyny
gutardy. Bir gün gelip "McM, sen gowy oglan, men seni häzirem gowy
görýän. Ýöne men seniñ syrly içgi dünýäñ açaryny tapyp, seniñ ýüregiñi
ele alyp bilmedim, senem maña gapyñy açañok, men ýadadym,
Garratdyñ Meni" diýdi. Onsoñam, okuwyny gutaransoñ, enesiniñatasynyñ ony gyssaýandygyny, çaltrak i$e ba$lap, durmu$a çykmagyny
isleýändiklerini, ýöne Türkmenistan-a ugratmajaklaryny aýtdy. Bolýa
diýdim, mende-de gedemlik bar, näme edeýin, sögü$mänjik, dü$ün$ip
aýryly$dyk. Soñam jañam etmedimem, ondan-mundanam soramadym.
Arada konditerska baramda, $ol gyzyñ jigisi bilen gabatla$dym. Sadaja,
göwni açyk gyz jigisi bardy. 2-3 minut ýaly gürrüñde$ bolduk.
Okuwymy sorady, gutaramok heniz diýdim. Gürrüñ, gyz doganyna
geldi. "Gyz doganyma gudaçylyga geldiler, sentýabrda toýlary" diýdi.
Güldi. Çyn ýüregim bilen bagt diledim. Ýöne, içimden bir zat gopup
giden ýalydy. Meñ bilen gabatla$anyñy doganyña aýdaýma diýdim, bor
diýdi. Heýem bir, gyz jigi doganyndan syr saklarmy? $ol gözel
doganyna gudaçylyga gelendiklerini aýtdy. Gülüp. Gudalaryñ käsesine
çaý guýan wagty elleri titremandir… Ejemiñ, men kiçikäm sary pi$ik
we sary jüýje barada düzen ertekisini hiç kime aýtmaly dälmi$im…
Diñe meniñ bilýän gizlin bakja-bossanyma mundan beýläk gitmeli
dälmi$im… Gadaganmy$… Ellerim ullakanmy$, elleri, meniñ elimde
ýitip gidýärmi$… Halan gyzyma gudaçylyga gelipmi$ler… Men, öýe
gelipmi$im… Ellerim kirlimi$… Hatda ejemem ýuwmanmy$…
"HALAÝAN GYZYÑ OKUWA GELMEDIK GÜNI"
Bäh, ýetginjeklik nähili kyn döwürdaý… Bolar-bolmasyz zatlara
gaharlanyp, bolar-bolmasyz zatlarada derrew dawa-jenjel edip bolmajy
bolýar $u ýetginjekler. Adam, çagaka çaga sypat bolany üçin gowja
bolýar, ýeti$ensoñ sypaty, ýüzi bir durka gelýär. Emma ýetginjekkä
sypaty hergün üýtgeýär. Bir gün turarsyñ, ýüzüñde ýumruk ýaly
düwürtik... Ertesi güni burnuñda düwürtik, gysyp-gysyp burnuñy
kiçeldersiñ… Ene-ata gar$y gozgalañ… Jigim bar meniñ, ýetginjeklige
gireli bäri ep-esli ýyl boldy, henizem çykyp bilenok. Edil Ertir-däki
käbir agzalar ýaly, bir gün Line-da biri bilen dostla$ýar, ertesi güni
udalit edýär. Sebäbini sorasañ, "Aý, meñ pikir edi$im ýaly adam däl
ekeni" diýýär. Sen name pikir edýärdiñ? Nädip 1 günde onuñ seniñ pikir
edi$iñ ýaly adam däldigine göz ýetirdiñ $u IQ-un bilen? Kelle bula$yk,
näme edip ýörenini bilenok. Ine $u setirleri ýazyp otyrkamam añan
ýaly, bir yetginjek $ahsydan hat oklady: "Agam sen näme ýetginjek
bolmadyñmy?" diýip. Boldum elbetde, belki öz ýetginjekligimi gowy
analiz edemsoñ diýýän $ulary. Men ýetginjekligimi dagy, kitap edip
ýazsañam az. Häzir mümkinçilik bolsa, ýolda öz yetginjekligime du$
gelsem öýe getirip 1 gije-gündizläp üstinde ýatardym $onuñ,
demikdirerdim, aram-aram dem aldyryp ýene üstinde ýatardym,
akyllansyn diýip. Beýle diýsem ýetginjekleri ýigrenýändir öýdäýmäñ,
men ýetginjek jigim bar. Lalik-de_Souza-nyñ "$adyrdyny urdym doslar
xd xd" diý$i ýaly, her gün biri bilen gapy$yp gelýär. Maslahat berseñem
häzir-ä alanok, öz pikiri bilen ýöreýär, nätjekdä. Munça gybat etdik, indi
tema geçeliñ nesip edeninden. Hawa, ýetginjekligi ýazgaryp bildik,
ýöne ýetginjekligiñ süýji ýatlamalaryny ýatlamasagam bolmaz.
$olardan birem, "Halaýan gyzyñ okuwa gelmedik güni" ba$dan
geçirýänlerimiz. Ol nähili bolýa diýseñiz, ine $eýeräk:
Halaýan gyzyñ okuwa gelmedik güni, bir ýetginjek üçin ahyrzaman
ýaly gündir. Hiç zat bilen weji bolmaz. Bazar güni ag$amdan, erteki
gün okuwa geýjek iñ gowy e$iklerini taýýarlap goýar. Ertesi güni turyp
ýüzüni pi$ik ýuw$y ýaly ýuwup derrew e$igini geýmek bilen bolarsyñ,
e$igiñi geýensoñam, ertirlik bilen i$iñ bolmaz. Ýayl gutuly "Kobra"
duhiñ ýarysyny üstüñe sepip, ýarym sagat saçyñy dararsyñ. Ejeñ $unça
saçaga oturdyp ertirlik iýdirjek bolsa-da çalak-çulak garbanyp
howlukmaçlyk bilen okuwa ugrarsyn. 1-nji sapak Biologiýa: Gije giç
ýatyp, irdenem ir turanyñ üçin parta eliñi goýup, eliñ üstine-de kelläñi
goýup ýatarsyñ. $unça halaýan gyzyñ üçin bezenip-beslenseñ-de uky
ýeñdi,gyllygyñy akdyryp ýatansyñ. Mugallym spisokda adyñy okanda
ýatan ýeriñden zordan eliñi galdyrarsyñ, entäk halaýan gyzyñ klasda
däldigini bilýän dälsiñ… 2-nji sapak Matematika: Ine bu sapakda bolsa,
halaýan gyzyñ okuwa gelmändigine göz ýetirip çuññur gynanarsyñ…
Mundan öñ, gyzyñ sapakda wagty, gyza görünjek bolup mugallymyñ
tagta ýazýan soraglaryny iñ birinji çözmek we tagta çykmak üçin
janygýan adam, hiç zat bilen i$i ýokdyr. Sorag çözesiñ gelmez.
(Galyberse-de, soragy iñ birinji çözmegiñ syry, mugallym entäk soragy
tagta ýazyp durka soragy çözüp ba$lamak). 3-nji sapak Geografiýa: Gyz
klasdaka, köp bilýä diýdirjek bolup bilseñem, ýurtlaryñ paýtagtlaryny
soran bolarsyñ, "Mugallym, $u ýurduñ paýtagty $u" dälmi diýen
bolup,Türkmenistandaky we dünýädäki zapowednikleri we goralyp
saklanýan ýerleri soran bolarsyñ. Mugallymam her sapakda senden
bizar bolansoñ hä-hawa diýip senden sypjak bolar. Senem bildirmänjik
halaýan gyzym meniñ soraglaryma nähili garaýarka diýip onuñ oturan
partasyna seredersiñ, seni görüp çalaja ýylgyraýsa, sen $ol gün iñ
bagtyýar adamsyñ. Gyzyñ okuwa gelmedik güni bolsa, hiç zat bilen i$iñ
bolmaz, hat-da öz öýüñ Geografiýasyny, nirede ýerle$ýäninem
bilmersiñ. Mugallym kartada Latwiýany görkez diýse, Litwany
görkezersiñ (Hehe, oýun edýän, men häzirem $u ikisini çaly$ýan, iki
gon$y döwlet , biz näbileli haýsy-haýsydygyny, üýtge$igräk at goýmaly
ekeni-dä). 4-nji sapak Bedenterbiýe: Bedenterbiýe sapagynda köplenç
oglanlar futbol oýnar. Gyzlaram köplenç oglanlañ futbol oýnaý$yny
synlar, ýa-da uly klasyñ oglanlaryna hat ýazarlar. Futbol görýän gyzlañ
arasynda señ halaýan gyzyñam bardyr. Ol bar wagty, hiçkime pas
bermän ýedinal bolarsyñ, özüñi Messi, Ronaldo, Robben ýaly duýarsyñ.
Ibrahimowiç ýaly üýtge$igräk gol salaýsañam, ýuwa$lyk bilen gyza
seredersiñ, "Bäh, göraýen bolsa-da hernä, indi beýle goly ömrümde
salyp bilmerin" diýersiñ.Emma ol gün halaýan gyzyñ ýokdyr, we sen
topar üçin futbol oýnarsyñ. Gol salmak bilen i$iñ bolmaz, Pogba ýaly,
gelip goragçylaryña kömek edersiñ, topy alyp öñdäki oýunçylara
geçirmek bilen bolarsyñ, sebäbi seni synlaýan, seniñ halaýan gyzyñ
bugün okuwda ýokdyr… 5-nji sapak Taryh: Taryh, iñ gowy görýän
sapagyñam bolsa, bugün iñ ýürek gysgynç sapak ýaly bolup görüner.
Bedenterbiýe-den ýañy gelensoñ, klasda porsap oturansyñ derden ýaña.
Özüñçe gaýgy-alada batarsyñ, gyzyñ oturýan partasyna göz aýlanyñy
bilmän galarsyñ. Näme üçin gelmedikä? Ýaranokmyka? Ýa ba$ga
okuwa gidäýjekmika? Hiçkim, gyzyñ name üçin okuwa gelmändigini
bilýän däldir, partada$y Mahymdan ba$ga.Partda$y Mahym-dan, gyzyñ
näme üçin gelmändigini soramagy ýüregiñe düwersiñ. Senden ba$ga,
gyzy halaýanyñy hiçkim bilmänsoñ, Mahyma-da ätiýaçly soraglar berip,
gyzyñ näme üçin okuwa gelmändigini biljek bolup samsyk soraglar
beresiñ:
-Mahym salam, gowumy ýagdaýlar?
-Gowy McM, sen nähili? (McM ýönelige maña salam bermez, näme
bolduka muña)
-Näme edýäñ, gowy gerek ýeke oturmak? Ýeke özüñ hezil edip otyrsyñ
partada, azar berýän ýok hehe (Berekella, gaty gowy podhod, sen
ýaman $ustryý)
-Näme diýýäñ McM, dü$ünemok-da saña?
-Hehe, Hatyja ýoga bugün hä, hezildir diýýän, ýeke otursañ, giñ partada… Arkaýyn nemedýänsiñ…
-Hawa Hatyja ýok bugün. Ýeke özüm oturmaly boldum-da.
-Dogrudanam, Hatyja näme üçin ýok? Ba$ga okuwa geçýämi ýogsa?
Semestriñ ortasynda ba$ga okuwa gitmez-ä, ba$ga okuwa alanoklara
semestr-iñ ortasynda hää? Men-ä alanoklarmyka diýýän, näme üçin
alsynlar semestriñ ortasynda $eýle dälmi? Mahym, sen näme diýýäñ,
almazlar gerek semestriñ ortasynda ba$ga mekdebe hää? Almazlara
$eýle dälmi? Almazlar... Almazlar... Almasynlar...
-Näme diýýäñ McM? Nämäñ ba$ga okuwy? Samsykmaý sen, näme
diýýäñ? Hatyja dagy düýn ag$am garynda$larynyñ toýuna gitdi, bu
günem gelmedi. Ertir geler…
-Wi hää, $eýlemii… Ertir gelýämi ýaa? Ba$ga mekdebe gidenok dämi?
Hehe, gidende nämaý, men-ä ýöne soraýdym… Maña näme… Mahym,
saña $okolad alyp bereýinmi?
-Ýok alma (Däliräpdir öýdýän).
-Ýolda maña ýatlat, sañä $okolad aljak men.
Ana $eyle.
"GITMEK"
Sapar, çüý$äñ düýbindäki soñkuja aragam içip ör-turdy, "Boldy indi,
maña bu öýde durarlyk ýok’’ diýip hüñürdedi. Sapar köp içýärdi. Gelni
bolsa Sapar-yñ içmegini islemeýärdi. Bu ag$amam gelni bilen
gohla$ypdy. E$iklerini geýinip gapa tarap ýöneldi. Gelni bilen 2 ýa$ly
çagasy, hiç zatdan habarsyz ýatyrdylar. Sapar, serho$ kelle bilen näme
edip ýöreninden bihabardy, öýden gitmegi ýüregine düwüpdi.
Çykmanka gelnine gygyrdy,"Ine, mendenem dyndyñ!". Gelni ýatan
ýerinden tisginip galdy, Sapar gapyny dünküldedip ýapyp çykyp gitdi.
Gapynyñ esine oýanan çaga-da tisginip gözlerini açdy. Aglaýardy…
Da$aryda gar ýagýardy, howa sowukdy, Sapar muña garamazdan,öýden
diñe kostýum bilen çykypdy. Içi-içine sygman, köçede gygyryp
ba$lady.Gelnine, gaýnyna agzyna gelen paýy$ bilen sögünýärdi. Ýoldan
geçýän iki-ýeke adam bolsa, Sapara geñirgenip seredýärdi. Sapar, olarada agzyna gelen paýy$ sözleri aýdyp sögýärdi. Özüçe, gelninden,
gaýnyndan, durmu$dan nalaýardy. Özüne gar$ylyk görkezýän
bolmansoñ hasam bolmajy boldy. Köçedäki agajyñ üstine çykdy. Indi
agajyñ üstine çykyp, $ol ýerden gygyrýardy. Serho$ bolansoñ, da$ary
sowugam bolsa özi ýanyp barýardy. Kostýumyny çykaryp zyñdy.
Köýneginiñ ýokarky iliklerini goparyp ýolbars ýaly arlaýardy. Aramaram,The Sawashank Redemption-yñ soñunda AndyDufresne-iñ edi$i
ýaly, gollaryny açyp asmana seredip nalaýardy. 1 sagat soñ…
Sapar, sowuk howanyñam täsiri bilen serho$lykdan açylyp ba$lady.
Sowuk $emal, edil bagryny de$ip gelýärdi, elleri bilen açyk dö$üni
ýapdy. Ellerine seretdi, elleri gögerip ugrapdy. Serho$ bolansoñ
habaram bolmandy. Agaçdan dü$di, ýerde ýatan kostýumuny alyp
silkdi. "Sowuk $emalyñam, sowuk howanyñam güýji maña ýetýär-aý"
diýip hüñürdäp kostýumyny geýdi, öýüne tarap ýöräp ugrady. Gapyny
açyp öýe girdi. Gelni we çagasy ýatyrdy. Oýanaýmasynlar diýip,
gapyny ýuwa$lyk bilen ýapdy. Gelni, oýanmady. Çagasy, tisginip
galmady. Ikisem dünýäden bihabar uklap ýatyrdy. Sapar, yzyna
dolanypdy.Gany-gyzmalyk bilen bir bada, Sapar ýaly "gidenleriñ" soñy
$eýle bolýar. Ýene, aýlanyp-aýlanyp geljek ýerleri belli. Beýle adamlar,
gapyny düñküldedip çykarlar, gelenlerinde-de ýuwa$lyk bilen gapyny
ýapyp, ökjesine basyp girerler. "Gitjek" adam, gapyny düñküldetmez.
"Gitjek" bolýanynam aýtmaz. Elini jübisine sokup, kellesini öñe sallap
çykyp "gider". "Gitjek" adamyñ, "gitjek" ýerem ýokdyr. Durmu$da
alñasap ýa$amaz. Bol$una görä ýa$aýandyr. "Gitjek" ýerem gözlap
durmaz. Diñe, "gider"...
***
Kakabaý aga, eýýäm 30 ýyl bäri bu gäminiñ kapitanydy. Deñizi
söýýärdi. Aýaly aýrylaly bäri 5 ýyl bolup barýardy. Näçe isleselerem,
çagalary bolmandy. Kakabaý agany, gämisinden we Hazardan ba$ga
durmu$a baglaýan zat ýokdy. Onuñ häzir ýekeje maksady bardy: gämä
münjek ýolagçylara gara$yp, gelensoñlaram deñiziñ çuññurlygynda
gözden ýitmekdi…
Tirki$, Kakabaý kapitanyñ kömekçisidi. Kakasy, dosty Kakabaý
kapitandan, ogly Tirki$i öz kömekçisi edip almagy sorapdy we Kakabaý
kapitanam Tirki$i öz kömekçisi edip alypdy. Tirki$ göwniaçyk, alçak
oglandy. Ýöne bugün keýpi ýokdy. Sebäbi söýýän gyzy, Tirki$iñ sözüni
almandy. Ýüzi gaharly görünýärdi. Onuñ häzir ýekeje maksady bardy:
ähli zady ýatdan çykaryp, deñiziñ çuññurlugynda gözden ýitmekdi…
Ýazgül gelneje, gämide ýolagçydy. Ogullary, gelinleri bilen arasy kän
gowy däldi. Bir gün irden turup, alyslara gitmegi ýüregine düwdi.
Çagalaryna "gitjegini" aýtmady. Onuñ ýekeje maksady: ähli zady
ýatdan çykaryp deniziñ çuññurlygynda gözden ýitmekdi…
Bahar, gämide ýolagçydy. Öýündäkiler, 6 ýyllap hala$an oglanyna
durmu$a çykmagyna rugsat bermediler. Näçe ýalbarsa-da, kakasynyñ
ba$lygynyñ ýeter-ýetmez ogluna durmu$a çykarjak bolýarlardy. Bir
sellem alyslara gitmegi ýüregine düwdi. "Gitjegini" aýtman, gämä
münipdi. Ertire çenli aglap-aglap gözleri çi$ipdi. Onuñ häzir ýekeje
maksady bardy: deñiziñ çuññurlygynda gözden ýitmek…
Nätany$ ýolagçy, gämide ýolagçydy. Da$yndan göräýmage köp zady
ba$yndan geçirene meñzeyärdi. Töweregine ynamsyz garaýardy,
durmu$dan doýan ýalydy. Öýken öz öýkeni däl ýalydy, durman çilim
otlaýardy. Hamana bir zada howlukýan ýalydy. Olam "gitjegini" hiç
kime aýtmadyk bolmaga çemeli. Ýöne onuñam häzir ýekeje maksady:
deñiziñ çuññurlygynda gözden ýitmekdi…
Gaýgysyz, gämide ýolagçydy. Ady ýaly gaýgysyzdy. Dünýäni suw alsa
topugundan diýilýänlerindendi. Nirä gitjeginden bihabar, olam bu gämä
münüpdi. "Gitjegini" hiçkime aýtmandy, ene-atasyna habar bermändi,
deñizde ba$yndan nähili wakalar geçjeginden bihabar, töweregine
garanjaklap ýylgyrýardy. Belki-de, durmu$da täze sýurprizlere du$
gelmek isleýärdi. Häzir onuñ ýekeje maksady: deñiziñ çuññurlygynda
gözden ýitmekdi…
Nurmuhammet gämide ýolagçydy. Ol, toýlarda bag$yçylyk edýärdi.
Ýöne soñky döwür ony toýa çagyrmaýarlardy. Öz döreden aýdymlary
bardy. Sungata berilendi. Gadyryny bilenokdylar, toýa çagyrsalaram, 45 aýdym aytdyryp goýdurýardylar. Bir gün, "Samsyk-samsyk ogry
bag$ylary toýa çagyrýarlar, meni çagyranoklar, gitsem-ä gadyrymy
bilerler" diýip alyslara gitmegi ýüregine düwdi. "Gitjegini" hiç kime
aýtman gämä mündi. Onuñ häzir ýekeje maksady: deñiziñ
çuññurlygynda gözden ýitmekdi...
Sylap, gämide ýolagçydy. Ol, çopan oglandy, çölde obañ adamlarynyñ
goýunlaryny bakýardy. Birgün go$una möjekler çozdy, 20 goýuny
aldyrdy. Goýunlaryn eýesi, Sylaby ýazgardylar,möjeklere aldyran
goýunlarynyñ derisini, kellesini soradylar, ony ogurlykda aýypladylar.
Sylap töhmete çydap bilmedi. Alyslara gitmegi ýüregine düwdi.
"Gitjegini" hiçkime aýtmady. Häzir onuñ ýekeje maksady: deñiziñ
çuññurlygynda gözden ýitmekdi…
McM, gämide ýolagçy däldi. Garny açdy we garañky Ankara gijesinde
mowzuk ýazýardy. Jahan ýagtylyp,magazinleriñ açylmagyna
gara$ýardy. Häzir onuñ ýekeje maksady: magazin açylansoñ çörek alyp,
3 ýumurtga çakyp ertirlik edinmek…
Hekaýanyñ gahrymanlaryny tanadyk, indi hakyky hekaýa ba$laýar…
Hekaýa, ýokardaky abzasda dowam etdi…
Deñizde we gämide gahrymanlaryñ ba$yndan ençeme waka geçdi…
Häzirem geçýär…
Köp wakalar bolup geçdi deñizde we gämide, bu abzasda, $u setirde,
hekaýanyñ gutaraýmagy hem ahmaldy. Ony bilemok.
Durmu$da, hemmämiziñ, hemme adamyn $eýle tamam bolmadyk,
gutarmadyk hekaýalary bar gadyrdan dostlar. Ynanmasañyz, geçen
günleriñizi ýada salyp göraýiñ. Tamam bolmadyk, gutarmadyk
hekaýalaryñ arasynda-da $eyle bo$ abzaslar bar. Bo$ tema diýmäkäñ 1
minut oturyp pikirlen. Bu-da $eyle hekaýalaryñ biri…
***
Sapar, yzyna dolanypdy. Gany-gyzmalyk bilen bir bada, Sapar ýaly
"gidenleriñ" soñy $eýle bolýar. Ýene,aýlanyp-aýlanyp geljek ýerleri
belli. Beýle adamlar, gapyny düñküldedip çykarlar, gelenlerinde-de
ýuwa$lyk bilen gapyny ýapyp, ökjesine basyp girerler...
"ÝETGINJEK FILOSOFLAR"
Bugün dost oglan meni Line-da tapypdyr, ep-esli wagt bäri
görü$emzokdyk. Gürle$dik, geçeni ýatladyk. Düýnki "Gitmek" ýazgy
lentada duransoñ, okapdyr onam, "Bäh, häzirem filosofiki sözler
ulanýañ öýdýän’’diýdi. "Ýok how, näme üçin beýle diýdiñ?" diýsemem,
ýene ba$ymyzdan geçen wakany ýatlatdy. Ertede-birigünde kompýuteri
ussa bermeli, onsoñ gyzgyny gaçmanka nemedeýin diýdim.
Hawa, waka ýene ýetginjeklik döwründen. Aý näme dost, iñ gowy
ýatlamalar, gülkünç ýagdaýlar $ol döwürde bolýa-da. Hany göz öñüñe
getir, ýañy-ýañy murtuñ saralyp, klasda "$efligiñ" ýuwa$lyk bilen ýitip
ba$laýan döwürleri... Özüñi uly adam ýaly görüp, 2-3 sany dagy kitap
okaýsañ özüñe alymmykam diýýäñ, toýa zada barsañ, ähli gyzlaryñ gözi
sende ýaly duýýañ, sakgal-murt çykanok diýip günde 3 gezek posly
päki bilen sakgal-murt syrylýan döwürler. Ýadyña dü$dimi? Hamana
ulalyp, dünýä dü$ünýän filosoflar ýaly dü$ünýän döwürleriñ, hemme
zada $übhe bilen garaýan döwürleriñ? Indä ýadyña dü$endir? Ine $u
gürrüñ berjek dost oglanym, bir gün keýpi bolmansoñ meni öýüne
çagyrypdy. Keýpi bolmazlygynyñ sebäbem, halaýan gyzy (hala$ýan
diýýä welin, ýekeje gezegem salamla$yp görenoklar, hala$ýanlaryndan
gyzyñam habary ýok, nähili hala$ýarlar, men-ä dü$ünmedim) muña ne
to hereket edipdi (Ne to herekedem, gyz $ol gün okuwa gelmändir).
Garaz keýpim ýok diýip meni öýüne çagyrdy, gel dertle$eris, öýde hiç
kim ýok, ag$am gelýärler diýip. Bolýa diýip gitdim. Holodilnikde
kakasynyñ ýarty çüý$e aragy bardy, onam çykardy. Içeli diýýär. Bizem
näme, ýañy ýetme, araga-çilime höwesek wagtymyz (Aragam, çilimem
gowy däldir jigilerim, peýdasy ýok, gury özüñi zaýalanyñ). Hawa, ýöne
weçerlerde içäýmesek, içip ýöremzokdyk $onda-da. Garaz, dost oglan
kolbasajyk gyzartdy aragyñ ýanynda, bizem ba$ladyk. Diý$im ýaly,
aragyñ nämedigini bilemzok doly, 2 prýom ýelmedik, aragam gutardy.
Ýöne biz $eýle bir zatlar gürle$ýäs, hamana Platon bilen Aristotel arak
içip, kolbasa iýip dertle$ýär. Ba$ym aýlanýar meniñ, eñegime jañ
kakylan ýaly gürleýän. Häzir $ol dialoglaryñ hemmesini ýazsam bara,
siz ýolda-yzda meni görseñiz salamam bermersiñiz hat-da, biliber
onsañ. Ýöne mowzuk açdyk, hemmesini ýazman, käbirlerini
ýazmasagam bolmaz:
Dost oglan: Bu söýgi meni heläk edýär. Meni öldürýär-eý McM.
McM: Aslyýetinde, durmu$da ýitirýän zadymyzyñ gadyryny, soñ
bilýäris… (Bu näme boldugy? Tema bilen baglan$ygam ýok)
Dost oglan: Zyýany ýok dost, bir gün olar yzyna dolanyp geler. Ana,
$onda menem diýmelisini bilýärin… (Gyz okuwa gelmändir, ertesi güni
bildik, gyz jogap alypdyr klas ýolba$çydan,hamana Tibet-e gaçyp giden
ýaly drama edýär)
McM: Onda yza däl, diñe öñe seretmeli sen… Yzdakylary yzda
ta$lamaly… Ta$lap bilmeseñem synan$yp görmeli… (Baýbuuuu,
nätdinaaaýý?)
Dost oglan : Dogry aýdýarsyñ… Yzdakylar yzda galdyy… Yza ýol
ýok… (Haý, Maýor Toparkow bol-a)
Ine dostlar, $u dialoglar, True Detective-däki Rust Cohle bilen Marty
Hart arasynda däl-de, hut 16 ýa$ly 2 ýetginjegiñ arasynda bolup geçýär.
Dialoglar ýazy$ym ýaly yzygiderem däl, her sözlemiñ arasynda duran
bolýas, uludan dem alan bolýas, ses tonymyzy üýtgeden bolýas,
gözlerimizi gysyp hala seredýäs, hamana çuññur manyly sözler aýdýan
ýaly, göz öñüñe getir. Bäh. Häzir ýazyp otyrkam öz gülkim tutýa... Soñ
men dost oglana seretdim:
-Saña bir zat aýdaýynmy dost?
Dost oglan, meniñ gözlerimiñ içine seredýär, çiliminden bir tüsse alýar:
-Aýt dost, diñleýän…
McM, çiliminden bir tüsse alýar, gözlerini dost oglanyñ gözlerine dikip,
häzirem dü$ünip bilmejek, näme üçin diýendigine özem haýran boljak,
taryha gyzyl harplar bilen ýazylaýjak, filosofiki, çuññur manyly $u
sözlemi diýýär:
-Garañkyda hemme zat birmeñze$dir!!!
Dost seret, men $u sözlemi diýdim-ä hää?! Ikimizem kellämizi öñe
sallap, 5 minut ýaly pikirlendigow, çynymy aýdýan. Hany, gürle$ip
oturan adamyñ bir zat aýdanda, senem dü$ünmeseñ, dü$ünen ýaly
bolan bolup gürlemän oturarsyña, ana biziñkem $eýle boldy. 5 minut
ýaly dymyp oturdyk. Hawa, dost oglan-a dü$ünmedi welin, menem
dü$ünmedim näme diýenime. Alyslara garap gözlerimizi gysdyk,
Hudaý bar. Dym-dyrslyk boldy. Dym-dyrslygy dost oglan pozdy:
Dost oglan: McM!
McM: Hää dostum, diñleýän seni, wujjanaaa (pýan bolupdyr)
Dost oglan, çiliminden bir tüsse dartýar we gürlap ba$laýar:
Dost oglan: Seniñ aýdan filosofiki sözlemiñe nemedeýin, bolýamy…
(Nemedeýiniñ ýerine näme diýenini añýansyñla)
McM: Dogry aýdýañaý dost, menem öz aýdanyma dü$ünip bilmän
otyryn häliden bäri…
Dost oglan: Bar öpdir (Öpdiriñ deregine näme söz gelýänini bilýäñ-ä).
Tur öpdir. Ejem dagy gelýä häzir. Blyaat, "Garañkyda hemme zat
birmeñze$mi$in…" Ýok bol bar...
McM: Ýok how, aslyýetinde çuññur many bar, azajyk pikirlenip gör…
Dost oglan: Bar-ow öpdürsenaý… Kolbasañam hemmesini sen iýdiñ…
(Pýanlykdan açylyp ba$lady)
McM: Bäh, nemetme-dä dost!
$ondan bäri, filosofiki söz ulanmajak bolýan."Garañkyda hemme zat
birmeñze$dir..." diýsene... Bäh... Ana $eyle. Nemetmäñ sizem.
"ÝARANJAÑ OGLAN"
Ýaranjañlyk, dünýäniñ ähli jemgyýetlerinde erbet görülýär, ýazgarylýar.
Dogrudanam, gowy endik däl. Ýöne, ýa$lar arasynda ikili
aragatna$ykda gyza ýaranjañlyk, oglana ýaranjañlyk iñ erbedimikä
diýýärin. Bu mowzukda men oglan bolanym üçin, ýaranjañ oglan
barada belläp geçmekçi. Oglan bolsun, gyz bolsun, ilki bilen
gar$ysyndaky bilen adam ýaly gürle$mäni bilmeli. Käbir adamlar,
suwjuklyk bilen degi$genligi, alçaklyk bilen ýeñilkelleligi, agraslyk
bilen dommalygy çaly$ýarlar. Mysal üçin, ýolda-yzda birinden bir zat
soramaly bolýar, gyzdan soraýan käwagt, gyz hamana köçäñ ortasynda
alyp gaçaýjak ýaly jogap berýär, "Men bilemok". Soñam däli gören ýaly
gaty gaty ýörap gidýär. Boldugymy onsañ $u? Näme, biri bir zat sorasa
hökman saña lak atjak bolup soraýarmy? Borla, hany ýuwa$lyk bilen
tema geçeliñ, gyzlar nemetmesin soñ. Oglanlar bilýändirler,
durmu$larynyñ belli bir böleginde, hökmany suratda gyzlara a$a
ýaranjañlyk edýän oglanlara gabat gelýändirler. Orta mekdepde,
weçerlerde, toýda-$agalañda, YOJ-da, hökman $eýle adamlar gabat
gelýär. Gyzlar gülmese-de detskiý anektod aýdyp berip, $ol oturan
ýerlerinde ýuwa$rak, gow$agrak bir oglan bar bolsa üstünden gülen
bolup, özüne gülkünçmikäm diýip üýtge$ik hereketler edip, garaz göz
öñüñe gelendirlaý dost? Ine, men $ol oglan barada ýazmakçy. Hany,
okuwda, i$de bardyrlaý, sen entäk nämäñ nämedigine dü$ünmän
ýörkäñ, bu oglan özüne gyz krug edinýändir. Men entäk okuwda
kofeniñ nireden alynýanyny bilemok, tuwaledi tapman öýde/ob$itde
nemedýän, sen haçan eýýäm özüñe gyz krug edindiñ? Ýalñy$
dü$ünäýmäñ, göribilmezçilik edýämika diýip. Çyndanam
degi$gen,alçak, mujik , medeniýetli oglan, $eýdibem gyzlary da$yna
üý$ürdi diýseñ hä diýjek, onda oña berekella, ine bular ýalylara gep
diýsem görip diýäýiñ. Meñ diýýän oglanym ba$gaçarak. Samsyksamsyk degi$meler aýdyp, ýalandan gülüp gyzyñ egnine elini goýan
bolup, gow$agrak oglan bar bolsa dagy, gyzlary güldürjek bolup, onuñ
üstünden gülen bolup, garaz, mümkinçiligiñ bolsa ýatyryp ýarym
sagatlap içine depesiñ gelýär. Okuwda gürle$ere adam tapmadyk wagty
señ ýanyña gelýändir, ondan-mundan gürrüñ eden bolýandyr, señ bilen
gürle$sede gözi iguana-nyñ gözi ýaly eýläk-beýläk garanjaklap
durandyr, nirede gyzlañ krugy barka diýip. Gyzlañ krugyna girensoñam,
seni ýatdan çykarar, salamam bermez hat-da.Munça ýazdym, elbetde
menem durmu$ymda gabat geldim $eýle oglana. Iki sany gyz bardy
fakultetde, birem gürrüñ berjek oglanym, haçan görseñ bile tirke$ýärler.
Gyzlaryñ hersi ba$ga bölümden, bular biri-biri bilen tapy$ypdyrlar, ýeri
sen nädip tapy$dyñ diýsene bu gyzlar bilen? Oglan meniñ bölümimde,
hemi$e bu gyzlar bilen tirke$ýär. Mysal üçin, gyzlar otyr, bu oglan
añyrdan gülen bolup gelýär, gyzlar ýaly bilegini bükip, elini galgadyp
uzakdan salam beren bolýar. Gyzlar, fakultediñ pi$igini gujagyna alyp
sypalaýar, bu ýaranjañam pi$igi barmaklary bilen sypalan bolýar (Kim
bilyä näme üçin beýdýär). Gyzlar owadan, maña ömürem bolýa
diýmeýärler, ýöne meñkem bir hantamaçylyk, gyzlar fakultetde nirä
gitse menem gidýän, yzarlaýan.
Ýöne soñ seredip otursam, men oglany gyzlardan kän synlapdyryn, 2-3
gün ýaly olary yzarlap synlan bolsam, oglana a$yk bolaýmagymam
ahmaldy hehe… Bir gün, fakultetde çaý içip otyrkam bu oglan geldi,
gümür-ýamyr etdik. Soñ, göz öñümde tutýan gyzymy soradym:
-Neme, señ ýanyñdaky gyz bara, ady nämedi $onuñ? Dodagynda meñi
bara?
-Hää, sen Melteme diýýäñ, hawa?
-Nähili gyz $ol? Gezýäni barmy?
-Näme?(Sandyrap ugrady, eli titreýär) Meltemiñ gezýänimi?
-Hawa, barmy gezýäni?
-Hawa bar… Ýok… Bar… Ýok... Bar… Wii ýok…
-Barmy ýokmy? Ýok bolsa okuwdan soñ bir kafe gidip oturaly, jorasy
bilen gelsinler, senem gel. Tany$dyrarsyñ-da…
-Ýok… Bolmaz… Bolmaz… Ol okuwdan soñ göni öýüne gidýär… Oña
çykmak gadagan… Bolmaz… Bolmaz diýýän… Gelmez…
-Bor how, nätdinaý? Men-ä soraýdym, gelseler kafede oturaýaly
diýjekdim, tany$ bolaýaly diýjekdim…
-Ýok tany$ bolma… Bolma… Ol gyz saña bolýa diýmez... Diýmez…
Diýmez...
Hamana, gyzy öýe baransoñ, öýden çykmasyn diýip balkona zynjyrlap
saklaýarlar. Men, gyzy oglanyñ özi halaýandyr öýdip pikir
etdim,näbileýindä, $ol gyzy soradym welin, özüni ýitirdi. Ýöne beýle
däl ekeni. 1 hepde geçmänka, meñ diýýän gyzym ba$ga bir oglan bilen
el tutu$yp ýördi. Men gyzyn yzyndan gözläp galdym, nädeýin
Ýene bir zat aýdaýyn, beýle oglanlar, ýaranjañlyk edýän gyzlary ýüz
bermese, soñam ba$ga gyz bilen tötänleýin söýgüli bolsa, öñ
ýaranjañlyk edýän gyzlarynyñ ýüzine-de seretmeýärler. Hany-ow,
degi$mejikler aýdan bolýardyñ, güldürjek bolup özüñi ýitirýädiñ, öñ
ýaranjañlyk edýän gyzlañ ýüz berenok diýip näme salamy-heligi
goybolsun etdiñ? Hawa, seniñ maksadyñ belli. Biziñkem belli welin, biz
iñ azyndan gönümelleýäs-dä. Onsoñ, $eýle oglanlaryñ bardygyny bilip,
senem biliñi berk gu$amaly bolýarsyñ. Gyzlara-da haýran galýan
käwagt, $eýle oglanlara ýüz berýärler. Bir zat diýseñem al-petinden
alýarlar:
-McM, biz ag$am joralar bolup kursda$ymyzyñ toýuna gidýäris, sen
bilýäñ-ä, ýatladaýyn diýdim...
-Hawa bilýän. Kim-kim gidýärr?
-Pylany… Pylany, onsañam pylany...
-Eý waý, 9 gyzyñ arasynda 1 oglanam gidýämi? Näme ol oglanlar bilen
gidip bilenokmy$my?
-Gidip bilýä, ýöne ol biziñ dostumyz-da, oglanam bolsa biz bilen
gidýär.
-Seret Jemre, sen $u kursda$yñy jynym almady, $unuñ bilen kän
görü$me bolýarmy?
-Näme üçin beýle diýýäñ McM, men ony jigim/doganym ýaly görýän-ä.
Oña beýle diýme…
-Sen doganyñy… Yhym-yhym… Neme… Sen doganyñy tanaýana men.
Sen doganyñ beýle adam däl-ä. Halamok men $uny, kümsük $u…
-Gabanyp öläýme sen…
Men, iñ soñky gezek Geografiýa sapagynda, 2 gyz bilen 1partada oturyp
görüpdim-ow, bu ýaranjañ, 9 gyzyñ arasynda ýeke özi, gaharyñ gelýä
elbetde. Hawa, $eýle oglanlar sebäpli, käwagt ýalny$ýan ýerimizem
bolýar. Nätjek-da, biliñi berk gu$ap, gyzy da$ardaky du$manlardan
goraýyn diýýäñ-dä, du$man bilen göre$eñde, käbir pidalara-da sezewar
bolýarsyñ.
Bir günem gyz bilen kafede otyrys, gyzyñ telefony gygyryp ba$lady.
Gyz telefona seretdi, soñam "Uffff" diýip goýdy. Menem $übhelendim,
gyzyñ telefony stolda dur, ýuwa$lyk bilen seredip gördim. Seretsem,
"Hikmet jañ edýär" diýýär. Hikmet, meñ bilýänim Türklerde köplenç
oglan ady. Gyza, "Telefonyñ gygyrýar, näme açañok" diýsem, gyz
jogap berenok, "Ufffff" diýýä diñe. Gaharlandym, "Men gyzyma jañ
edýän Hikmet kimkä" diyip gany-gyzmalyk bilen gyzyñ telefonyna
topuldym. Gyzam telefonyny bermejek bolýar, hasam $übhelendim.
Elimi dyrnaçaklaýar telefony bermejek bolup, kafedäkilerem bize
seredýär, bizem telefony aljak bolup dawala$ýarys. Iñ soñunda aldym
telefony, gyzam "Bar jañ et, näme etseñ $ony et, utanmasañ ediber"
diýip hüñürdäp telefony sypdyrdy. Menem diýýän, "Men näme
utanmaly, utanjak bolsa gyz utanmaly, Hikmet jañ edýä açanok men bar
diýip, diýmek ne to zatlar bar bärde" diýýän içimden. Tuwalede gidýän
ýaly turyp, "Hikmet-e" jañ etdim. Gaharly özümem, trubkany alsa
bolýar diýip sögünýärin. Elbetde Türkmençe. Trubkany biri aldy, men
añyrdakyny gürletman, $ol bada sögünip ba$ladym:
-Señ pylanyñy pylan edeýin, utanokmow hala$ýany bar gyza jañ
etmäge, adresiñi aýt, señ pylanyñy pylan edýän häzir doo-diýip däli ýaly
gygyrýan. Trubkadan bir gyzyñ sesi e$idildi:
-Salam, men Jemra jañ edipdim, trubkany Jemra berseñizläñ.
Menem yza gaýdamok, menem dyzaýan:
-Oýun etme a gyz, henizem Jemra jañ etdim diýýäñ, trubkany Hikmete
ber, men $onuñ bilen gürle$jek, oýun edýäñizmi maña siz hää? Siz
Türkmeniñ nahili milletdigini bilmänsiñiz öýdýän hää? Trubkany $ol
Hikmede bersene, erkek bolsun-da meñ bilen gürle$sinle… Siziñ
e$egiñiziñ toýnagyny, horazyñyzyñ kekejini nemedeýin…
Seredip otursam, gyzyñ ady Hikmet ekeni. Hikmet, Türklerde köplenç
erkek at, ýöne gyza-da goýulýan ekeni, näbileýin men. EwgeniýEwgeniýa ýaly. Jenýa-jenýa ýaly. Soñ Hikmede ýalbaryp öldüm,
"ýaranjañlap" hehe. Bärde meñki nädogry-how, $ondan, gyza ne to
boldy. Jemre bilen sözleri aza$ypdyrmy nämemi, soñ Hikmet Jemra jañ
edýä, Jemre-de meñ bilen oturansoñ, keypimi pozmaýyn diýip Hikmet
jañ eden wagty trubkany alanok. Menem oña ýalny$ dü$ünip dälireýän.
Diýjek bolýanym, oglanlar, gyza a$a ýaranjañlyk gowy däl. Gyzlar
oglana a$a ýaranjañlyk gowy däl. Nu, käwagt birek-biregiñ näzini
çekäýmeli, oña söz ýok. Oña dawa edemok men-ä. Ýöne, gyzam bolsañ,
oglanam bolsañ, özüñe geli$ýän zady et. Mundan ba$ga näme diýeýin?
***
Bir gün, McM-den sorapdyrlar:
-$u ýazan zatlaryñ hemmesi ba$yñdan geçdimi dost? Mowzuk açýañ
welin, özüñden toslaýan-a dälsiñdä?
McM, soragy beren adamyñ ýüzüne 1 sagat boýunça dikginläp
seredipdir. Göni 1 sagat soñam ýerinden turup äpi$gäñ öñüne baryp,
da$aryny synlapdyr. Sorag soran adam, ýadap, haçan jogap bererkä
diýip durka, McM birdenkä çakganlyk bilen yzyna garap jogap beripdir:
-Synla… Synlamany öwren… Esasy zat, synlamak...
"INTERNET WE ÇYN"
Internet, soñky döwür köp ki$iniñ öýüniñ bosagasyndan ätläp içeri
girdi. I$ üçin ýa-da ine men ýaly göwün açmak, gülüp degi$mek üçin,
käbirleri bolsa gyz/oglan bilen tany$mak üçin Line-a, ýagny internede
girýärler. Hemmesine hormatym uly, iliñ näme üçin internede
girýändigi meni, ýagny McM-i gyzyklandyranok. Ýöne baran ýerinde
sosial bellikler etmese oñup bilmeýän McM-i, internetdäki
aragatna$yklar gyzyklandyrýar. XVI asyrda ýa$ap geçen Antarktikaly
beýik filosof Agajanh the First, "Internetde tany$mak, durmu$ gurmak
maslahat berilmeýär" diýip belläp geçipdir. Hawa soñ bu dogrumy?
Dogry ýerlerem bar, ýalñy$ ýerlerem bar. Internede gowy adamlaram
girýär. Soñ näme üçin tany$yp durmu$ gurmasynlar? Gepindensözünden tanap bolar-a azda-kände? "Internetde nädip tanajagaý?"
diýýänler bardyr,bolmasam adaty zat. Emma durmu$da-da $eyle dälmi
eýsem? Hemme ki$ini tanap bolanok. Internet hem durmu$yñ aýnasy.
Hää, ikisiniñ arasynda tapawut ýokmy? Bar. Ine $u tema-da $ol hakda.
Ba$ardygymdan öz dü$ünjämi ýazmakçy. Esasy tapawut, "Çynlyk"
diýip pikir edýärin. Esasanam duýgy "Çynlygy". "Ol näme diýmek?"
diýýän bolsañ: Internet ulanyjylary, ekran-yñ we klawiatura-nyñ
añyrsynda bolansoñ, islän sypatlaryna girip bilýärler. Çiijek bolsa özüni
hor ýaly, "gapyrgasy sanaýmaly" bolsa-da özüni "figurnyý" edip
görkezip, ynandyryp bilýär. Ýa bolmasa, durmu$da iki sözlemi go$up
gürläp bilmeýän, gyz görse utanyp, dili tutulýan adam, Line-da saña
"Näme gürläñogaý?" diýip ýazyp bilýär, ýa-da internetde "Casanova"
bolup bilýär.Görýän ýok-da sebäbi, basybermeli onuñ dü$ünjesine
seretseñ. Hää, "Utanmak" erbet duýgy däl, gowy zat, kä$gä herkim
wagtal-wagtal "utansa" gowy boljak. Ýöne gürrüñ ol barada däl
häzirlikçe, dü$ünensiñle. Soñ nemederis. Adminler ýa-da moderler
üçin, saýtda onça adamyñ göwnüni tapmak kyn. Menem okuwyñ
Facebook sahypasynyñ 3 sany admininden biri bolamsoñ, ýagdaýy
bilýärin. Bir ýagdaý bir agza ýaraýar, beylekä ýaranok. Bir gün, bir agza
bilen sözümiz aza$dy. Agzyna geleni diýýär maña, sögýär. Boldy et
diýsemem edenok, aý näme, gyzlaram bar-a, ýazanlaryny görýärler-ä,
bolmajy boldy. Adminlere sögüp gahryman bolmaly-da. Men
banlamaga gar$y elmydama, ýöne $uny banlamaly boldum. Günüme
goýmady. Aradan wagt geçdi, bi rgün $ol oglany okuwda gördüm.
Facebook bolansoñ, suratam bar, tanap boljak. Menem FBR ýaly,
derrew tanadym. Ýeke özi çaý aljak bolup oçerdda duran ekeni. Bardym
ýanyna, salam berdim. "Men $ol sögen adminiñ, hany bol ýüzüme-de
sögsene" diýdim. Ilki geñ galyp ynanmasa-da, soñ ynandy. "Dost
bagy$la, $ol wagt keýpim ýokdy" diýip çaý alyp berdi maña-da, hezil
edip çaý içdim. Maña sögen adam däl ýaly, gaty mähirli. Men,
gorkynyñam,aljyraññylygynam, $adyýanlygyñam "Çyn" bolmagyny
islärdim. Ekranyñ añyrsynda, gyz bilen gürle$ip duran wagtymyz
ýalñy$, diýmesiz zat diýip aljyraýandyrsa, eliñi nirä goýjagyñy bilýän
dälsiñ, boldumy sende $eýle duýgy? Emma ekranyñ añyrsynda
bolansoñ, arkaýynsyñ. Görenok-da sebäbi seni. Ine, "Çynlyk" diýýänim
$u, realizm $u, durmu$ $u. Ýene bir mysal: Jigim, okuwdan bir gyz
bilen gürle$ýär ekeni Line-da. Maña aýdy$y nähili diýsene, gyz jigime
ýalbarýarmy$yn, jigim näme et diýse sözünden çykman edýärmi$in.
Menem öz ýanymdan bir ene-atadan bolanymyzy ýatdan çykaryp "Bäh,
iliñ çagasy möýüñ çagasy ýalaý" diýip ýörin. Bir gün, geñ waka boldy.
Ol gyzyñ biziñ domymyzda jorasy bar ekeni, 2 gyz bolup biziñ
domumyza gelýärler. Ejemem, köçede süýt satýandan süýt alsyn diýip
jigimiñ eline gazanjyk berip ugradýar. Jigim öýden gyssanyp
çykypdyrmy nämemi, ejemiñ 37 razmer $ypbygyny geýip çykypdyr,
dabany $ypbygyñ 20 sm yzynda, da$aryda. Egninde-de maýka bar,
maýkañ üstündenem meñ kostýumymy geýipdir. Göz öñüñe geldimi?
37 razmer zenan $ypbykly, maýkañ üstine kostýum geýip köçä süýt
almaga çykan pyýada? "Sypatsyzlyga" jenaýat i$i gozgasalar, jigime
atuw bererler $ol sypaty bilen, köçeden milise geçse, görüp ýygnar "Bu
sypat jemgyýete zyýanly" diýip. Biliber onsañ. Podýezdiñ öñünde jigim
bilen jorasyna myhmançylyga gelen Line-da gürle$ýän gyzy
gabatla$ýarlar.
-Gylyçmyrat gowumy ýagdaylar?
-Hää? Näme diýýäñ? Gowy, sen nähili?
-(Gülmejek bolýar) Hmm, menem gowy. Nirä barýäñ?
-Süýt almaga. Men süýt alýaryn. Meniñ i$im süýt almak (Wah
görgülijik)
-Hmm, bolýa, howlugýas biz, sag bol. (Gyzjagaz entägem gülmän
zordan saklanýar)
-Bolýa sag bol… Bolýa sag bol (2 gezek)
Bizem podýezdiñ öñünde otyrys, oglanlar prikol tutýarlar jigimiñ
üstinden:
-Eý, Gylyç, $ypbygyñ gowy ekenlaý, nireden aldyñ, Eýrandanmy
hahaha.
-McM, gülme diýsene $ulara ühühühü.
-Kostýumyñam üstüñe laýyk geli$ýär ekeni, Dubai-dan alypsyñ öýdýän
ahaha.
-Saña näme agam, nireden alamda nämaý, ühühü McM? (Entägem
menden kömek soraýar görgüli)
-$ypbygyñy nireden alanyñy aytsana, menem ejeme aljak hahaha.
-McM, süýt döküläýse sendendir, belañ körügi senden. Sen prikol
tutdurýañ.
Garaz, jigimiñ aýdy$y ýaly däl ekeni waka, gyzy gören wagty özüni
ýitirdi, Uniwersalnyý soldat-daky WanDam ýaly sandyrap bolmajy
boldy, bizem üstünden güldük, nädeli.Durmu$da, köpimiziñ ba$yndan
käbir wakalar geçdi. Ine $u ýokarydaky waka-da, jigime internetde we
"çyn" durmu$da özüni nähili alyp barmagy hakynda sapak bolar, ony
kämille$direr. Kämille$dirmese-de, kämille$dirmeli,$eýle bolmaly.
$eýle bolsun. Kämille$sin. Kämille$iñ. Hawa, munça ýazdyk, name
özümiz akja jüýjemi? Däl elbetde, akja jüýje bolmamsoñ $ulary
ýazýanda. Nemetmäñ diýip. Diýdima sosial bellik edýän diýip, özümem
bar $ol sanda. Özüm bolmasam nädip ýazaýyn bulary, ba$ymdan
geçýän zatlar. Geçen tomus, internetde bir gyz bilen tany$dym. Gyz
bilen gümp-samp gürrüñimiz ýok, internetde oýun oýnap ýörkak
tany$dyk, serýoznyý gürle$ýäs. Ýene bir gün, gyz "Ýeke ýa$aýan
oglanlañ öýi hapa bolýar" diýdi. Menem ýeke ýa$amsoñ, muña çynym
bilen gar$y boldum. Sebäbi meñ öýüm arassady. Gyza-da $eýle diýdim,
men öýüm arassa, sen beylekiler bilen meni çaly$ma. $eýdip gyz bilen
jedelle$dik ýarym sagat, iñ soñunda gyz maña ýa$aýan kwartirañ
suratyny ugrat diýdi. Arassamy ýa dälmi, men bilerin diýdi. Menem
göterildim, gijäñ ýarysy kuhnýañ, banýañ suratyny çekip ugratdym,
näme, esasy zat kuhnýa we banýa, $ol ýerdenem bilip bolar arassamy
dälmi diýen netijä gelipdim-dä. Gyz, "Kuhnýa, banýa arassa ekeni, ýöne
ýatýan ýeriñ we oturýan ýeriñ möhüm" diýdi. Ýatýan ýerimi
ugratmadym elbetde. Eýwanda-da surata dü$ürer ýaly ýer ýok, diwan
bar, soñam telewizor bar. Telewizoryñ a$agynda-da kitaplar bar.
Borlaý, $u kitaplary surata dü$üreýin diýip, telefonda kitaplary surata
dü$ürip ugratdym Facebook-dan. Gyz suratlary görüpdir, maña "Gowy,
arassa ekeni, men ýatjak, bolýa onda gijäñ haýyr" diýip sms ugratdy.
Menem diýýän, "Bäh, näme beýle diýdaý, entäk gürle$erdikdä öý
barada, näme beýle ir ýatýarka" diýip ba$agaý. Nätjek, "Gijäñ haýyr"
diýdim. Gyza Facebook we telefonda ugradan suratlarymy
kompýuterda-da göreýin diýip kompýuteri açdym. Açmasam has gowy
boljak ekeni… Tomus, öýde arkaýyn gezilýär. Boxerli, $ortikli zatly.
Menem ol gyza surat ugradan wagtym arkaýyn ortikli gezip ýördüm.
Ýöne, eýwandaky kitaplary surata dü$üren wagtym, telewizoram
dü$üripdirin. We telewizor öçügem bolsa, men telewizora çykypdyryn.
Telefonda gowy görnenok, ýöne kompýuterde gowy görünýär, hemme
zat aç-açan. Telewizoryñ ekranyndan, meniñ $ortikli, üsti ýalañaç
suratym bildirýärdi. Erbet utandym. Ertesi güni gyza "Hehe, foto$op
how bular, nemetme" diýip ýazsamam, gyz jogap ýazmady. Bu nähili
oglan diýdimi nämemi. Soñam, hijem gürle$medi meniñ bilen. $ol
günden bäri öýde gy$yn ýazyn palto bilen gezýän, Ertirde mowzuk
ýazamda kostýum balak geýip, galstuk dakynyp ýazýan, hehe.Garaz,
meniñ diýjek bolýan zadym, internet bilen… Mmm… Hakyky durmu$
barada… Önümçilik pudaklaryndaky käbir dollarlaryñ… Jemgyýetdäki
ýewrolaryñ… Walýutadaky awtorlar we mowzuklar… Borlaý, soñuny
oñaryp bilmedim. Nemetmäñ.
***
-Gadyrdan McM, "nemetmäñ" sözüni köp ulanýañyz, hat-da ulanypulanyp suwuny çykardyñyz?
-Gel bärik dost, seni og$ajak.
-Bäh, näme üçin?
-lkinji gezek saña go$ulýan. Dogrudanam "neme" sözüni kän ulanýan
men. Sen mamla…
-Hawa, diýýän-ä kän ulanýañ diýip, men aýtmasam sen-ä biljegem
däl…
-Bor how, aýnamasana derrew. Nemetme…
-Ana seret. Ýene diýdiñ-dä…
-Hawa. Nemetme.
"GÜRRÜÑI/WAKANY ÖZÜÑE ÇEKMEK"
"Gürrüñi özüñe çekmek ýaman erbet zat" diýip derrew temany
gutarýamy$ym we siz meni gowy edip depýämi$iñiz.
Gürrüñi, özüñe degi$li dälem bolsa özüñe çekmek, kâ halatlarda seni
masgara edýâr we gülkinç ýagdaýda goýýar. Mysal üçin: Mugallym
klasda okuwçylara ýüzlenýâr:
-Okuwçylar, etrapda 2 aý soñ geçiriljek "Taryh olimpiadasyna" biziñ
klasymyz gatna$maly.
Klasyñ iiñ ýalta we iiiiñ ikilikçi okuwçysy:
-Mugallym, olimpiadada nähili soraglar boljak? Diñe Türkmenistan
Taryhymy ýa Dünýä Taryhy hem soraljakmy?
Ine $u ýerde, mugallym elbetde bu okuwça ýüzlenmedi. Ýöne bu
okuwçy gürrüñi özine çekdi.Ýa bolmasa: Toýda dostuñ bilen otyrsyñ.
Stolyñ beýlerãginde-de iki sany gyz ýuwa$lyk bilen siziñ oturan
tarapyñyza seredÿãr we siz muny añýarsyñyz. Biri-biriñize " Bize
seredýârler" diý$ip begenýäsiñiz. Senem öz ýanyñdan monça bolýarsyñ.
Özüñi dünýäniñ iiñ owadan we "sexy" oglany duýýarsyñ. Soñ, dostuñ
beýleräkde oturan tany$laryna salam bermek üçin ýerinden turyp
gidýâr. Senem assyrynlyk bilen gyzlara seredýârsiñ we âhli arzuwlaryñ
puç bolýar: aslyýetinde gyzlar saña dâl-de dostuña seredýärler ekeni.
Sebäbi ol gyzlar häzir señ tarapyña däl-de, dostuñ duran tarapyna
seredýârler. Hãliden bärem $eýle ekeni, ýöne señ özüñ monça bolup
oturdyñ. Muña "Gürrüñi özüñe çekmek" däl-de, "Wakany özüñe
çekmek" diýseñem boljak. Umuman, tema-da, adyndan belli bol$y ýaly
$u ýagdaý barada.Begenç diýip dost oglanym bar meniñ. Özi Lebaply.
Lebap welaýatynyña däl, eýsem Türkmenistanyñ, hatda belki dünýäniñ
iiñ owadan oglanlarynyñ birimikä diýýärin. Muny men oglan bolup
diýýãn, galan zada dü$üniber onsañ. Muñ bilen köçede ýörâr ýaly däl,
gyzlar gözleri bilen iýäýjek bolýarlar bizi. Bizi dällaý, özümi
go$maýyn. Diñe Begenji. Ýöne "bize" seredýärler diýip begenýän
käwagt, ýogsa men onuñ ýanynda The Lord Of Rings-däki Frodo ýaly
bolup duryn. Ortaça adam menem, öz ýagdaýymam bilýänemle welin,
adam pahyr $onda-da özünden ho$al-da. Hany, owadan gyz, özüni has
owadan görkezjek bolup ýanyna ortaça owadanlykda gyz alyp
gezýändirä, Begenji tanamasam $eýlemikä diýip pikir ederdim.
Ýanymyzdan geçip giden owadan gyzlara Begenç bar wagty seredip
bolanok. Köçeden owadanja gyz geçip gidende yzymyza seredinimizi
duýman galýandyrysa, ana Begenç bilen ýöräñde duýýañ $ony,
seredeñok. Sebãbi ýanyñdan geçip giden gyz,Begenje täzeden seretjek
bolup yzyna seredýär. Senem seredäýseñ, gözüñiz çakny$ýar we özüñi
golodnyý ýaly duýýarsyñ. Show must go on dude, hehe. Begenji
tarypladyk gowy edip, indi göleli gürrüñe geçeli. Biz Begenç bilen aýda
1-2 gezek du$u$ýarys, köpçülik bolsaga Türkmen palaw edýäris,
bolmasa-da kafede oturýarys gümür-ýamyr edip. Bir gün ýene Begenç
bilen du$u$dyk, kafede oturdyk. Ýanymyzdaky stolda-da 2 sany gyz
otyr. Biz iýip-içdik, gürrüñle$ip otyrys, gapdaldaky stol bilen i$imizem
ýok. I$iñ bolanda näme, ýanyñda Begenç bar wagty saña serederlermi
diýsene. Beýle bolmady...Birdenkâ gözim gapdaldaky stola dü$di.
Gyzlaryñ biri maña seredýärdi, meñ bilen gözi kakly$anda gülip gözini
aýyrdy. Men entägem ynanyp bilemok. Ýanymda Begenç bardy we ol
gyz oña seretmän maña seredýärdi. $ol wagt, "Herkimiñ wkusy
üýtge$ik" diýen söze dü$ündim. Begenjimden tas ça$ypdym. Begenje
seretmän maña seredensoñ, özüme ynanyp ba$ladym. Seretsem, gyz
ýene maña seredýâr. Çynymy aýdýan, hondan bäri boldum.Biri saña
seretse hereketleriñem üýtgeýär-dä azajyk. Menem Mollanepes Teatryñ
artisti ýaly elimi kelemenledip bir zatlar gürrüñ berýän Begenje,
Begenjem gülýä, garaz obraza girdim men, özümi ýitirdim göterilip.
Arasynda-da assyrynlyk bilen gyza seredýän, olam bir zada gürle$ýá,
gülüp maña seredýär aram-aram. Hasam jo$ýan men, bir zada diýdim
welin Begenç hahahaýlap güldi. Menem hondan bärisi bolup
stakandaky kolamy içjek bolup stakany göterdim. Bir tarapdanam gyza
seredýän, özüme Don Juandyryn öýdemok. Ýöne stakany göteren
wagtym, gyz seredýár diýip kelle göçdimi nämemi, stakandaky
pipetkany ýatdan çykarypdyryn. Bir ýere girmäge öwren$en pipetka-da,
stakany göteren wagtym girere ýer tapman burnuma giripdir. Menem
ony bilemok. Afrikañ mestnylary ýaly, burnumdan pipetka sallanyp dur.
Bu diýýânlem 5 sekuntda bolup geçýár we Begenç burnumdaky
pipetkany görüp hasam gülensoñ bilip galdym. Olam ilki oýun
edýärmikâ diýipdir. Beýle oýun edilermi, gyza seredip otyryna.
Burnumdaky pipetka beýnime çenli giripdir, ýeri çekip al-da, $eýle
dälmi? Ýok, çekip almadym, pi$ik ýaly gapdaldan penjäm bilen kakyp
dü$ürjek bolýaryn. Soñ çykardym pipetkany burnumdan, ýöne $ojagaz
ýerde utanjymdan 5 ýa$ garradym. Gyzlaram hasaby tölâp gitdiler.
Ilkinji gezek, Begenjiñ ýanynda-da bolsam,gyzlar maña seredipdi we
men i$ini gördüm. Hat-da, i$imi gördüm. Ine $u waka, 20 minut soñ
boljak waka barada azda-kände duýdury$dy... Ol 2 gyz gidensoñ,
gapdaldaky stola 4 sany gyz gelip oturdy. Hawa, ýene hemme zat
adatdaky ýaly, gyzlar Begenji gözleri bilen iýäýjek bolýarlar. Maña "
barmysyñam" diýýân ýok. Men bu zatlary bilemsoñ arkaýyn, Forrest
Gump ýaly öz-özim bir zatlar bilen gümra, telefona güýmenip otyryn.
Arasynda gapdaldaky stola seredýän, entägem gyzlaryñ gözi Begençde.
Begenjem muny bilýär-ä, özüne Angliýañ prinsidir öýdenok, gözlerini
süzen bolup. Menem öz ýagdaýymy bilemsoñ, pespällik edip, "Hemme
zat düzeler McM, giñ bol" diýip özüme göwünlik berip otyryn. Soñ
bularyñ ýanyna 4 sany oglan gelip oturdy, 8 ki$i boldular. Hawa,
oglanlaram añdylar gyzlaryñ biziñ stolumyza, ýagny Begenje
seredýändiklerini. Oglanlar ýagdaýdan ho$al däl, ne dowolnyý bolup
bize, esasanam Begenje seredýärler aram-aram. Menem añdym ne to
zatlaryñ boljagyny, Begenje "Tur gaýdaly indi" diýdim. Begenç
gaýdarly däl, "Ýene ýarym sagat oturaly, soñ gaýdarys" diýýâr.
Oglanlar we gyzlar, gapdalymyzda gaharly-gaharly bir zatlar
gürle$ýärler. Birdenkä, oglanlañ biri gahar bilen stoly ýumruklap "Biziñ
stolymyzdaky gyzlara hiçkim seretmäge het edip bilmez, gyzlaram
ba$ga stoldakylara seretmäge het edip bilmez" diýdi. Gyzlar-a
ziñkildedi welin, menem ziñkildedim. Gorkymdan däl, birdenkä bolany
üçin. Ýogsa depiljegimi bilsemem Maýor Toparkow ýaly yza ýol ýok,
soñuna çenli gidi$erin... $onda-da stolumyzda duran 2 sany ajy burjy
elime aldym. Eger bir sluçi bolsa, ilki bilen gözlerine ajy burjyñ suwuny
gysyp pürkerin diýip pikir edýärin. Agajyñ ýapragyndan özüme pistolet
ýasap biljek, her ýagdaýdan alyp çykyp biljek oglan men, Polat
Alemdar ýaly, hehe. Begenje seredýärin, dünýe piñine däl, arkaýyn otyr.
Men bolsa söwe$e taýýar, oglanlary synlaýaryn. Begenç bilen da$ary
çyksañ $ol-da, ol gyzlary, gyzlar ony, McM-em $eýdip oglanlary
synlamaly. Oglanlar kaçok, hersiniñ elinde bir ýetginjek hiññildik uçar,
birini-ýarymyny süñk etsemem, 4-sini nädip alyp çykmaly? Ol ýerde
dawa-jenjel etseñem bolmaz, seni günäkärlärler, sebäbi olañ ýanynda
gyzlar bar, 1-0 öñde olar bizden.Gapdaldaky stoldakylar, seslerini
hasam gataldyp gürläp ba$ladylar. Gürrüñiñ biz baradadygy aç-açandy.
Begenjiñ sözleri, dawleniýany hasam ulaltdy. Begenç, biz barada
gürle$ýändiklerini añandyrda, oglanlara garap:
-Dost, problema näme?
Diýdi. Bäh. Seret muña. "Problema näme? " diýen bolýar. "Problema
sen" diýip bilmedim. Oglanlar birdenkä ýerinden turdy, menem janhowluma ýerimden turdym. Begenç bolsa "Dünýe suw alsa
topugymdan" diýip,entägem otyr. Men bolsa hemme zada taýyn. Ýöne
$ol wagtam gürrüñi özüme çekýärin:
-Dost, siziñ meseläñiz näme, biz siziñ stoluñyzdaky gyzlara
seredemzok. Biz iýip-içmäge geldik. Hiç kimiñ gyzy bilen i$imiz ýok.
Ur$ isleýän bolsañyz, odin na odina çykaýyñ, lýuboýyñyz bilen ur$jak...
Oglan geñirgäp maña seretdi, soñam Begenje.
-Señ bilen meselämiz ýok dost, biziñ meselämiz, ýanyñdaky edepsiz
bilen. Häliden bäri biziñ stolumyza seredýär.
-Sen kime "edepsiz" diýýãñ dost, hany akyllyja bol, ýogsa-da ýör odin
na odina çykaly...
$ol wagt, "Menem edepsiz, maña-da edepsiz diýiñ, mojet menem
seredendirin siziñ stoluñyza" diýesim geldi. Sebäbi gürrüñi özüme
çekipdim.Seret gadyrdan agza, $u taýda bir zady belläp geçmekçi.
Ertirden bäri gyzlara sereden Begenç. Ertirden bäri gyzlaryñ
seredýänem Begenç. Ýöne her gürrüñi özine çekýãn bolsa men. Kafede
dym-dyrslyk boldy. Her kim bize seredýärdi. Ofissiantlar gelip aralady.
Bizem hasaby töläp gaýtdyk. Ýolda gelýärkäk Begenç soraýar:
-Bliin, näme problema çykarýañaý, gül ýaly iýip-içdik, hasaby töläp
gaýtjak bolup durduga?
-Göreñokmow, dyzap durlara...
-Saña diýenoklara, sen özüñe çekdiñ prosto...
-Boldy et indi, ýatyryp "söýýän" häzir seni.
Öýe gelip, "Gürrüñi özüme çekenim" üçin utandym, gynançly aýdym
diñläp aglap magnitafony depip döwdim.
***
-McM, men señ ýazgylaryñy okamok, sebäbi men "cool".
-I$im bar janym, soñurrak...
-Men marjinal-a, hemme ki$iñ okaýan temasyny okaýmana...
-Git diýýan janym, i$im bar...
-Onsoñam, señ temalañ birhili manysyz, bolgusyz...
-Okamaýan bolsañ nädip bilýäñ?
-Arada jigim okap durka... Menem 1-2 sanysyny okadym... Arada
doganym señ temalaryñy...
-Borlaý how. Hawa sen "cool", hawa sen bukulyp okañok meñ
temalarymy, hawa sen Ertir.com üçin ullakan bagt, hawa ýer $ary seniñ
da$yñdan aýlanýar...
-Nädip bilýäñaý...
-Ötägit, nemetme.
"BALKON"
Howa gaty yssy. 1 hepde bäri hasam gyzdy. Orazadan soñ i$e
ba$ladym. I$länje pulumdan ýygnap, jogap alyp, 1 hepde ýaly tomus
Antaliýa-da i$leýän tany$ oglanlañ ýanyna, deñiz möwsümi gutarmanka
dynç almaga gidäýmek hýýalym bardy. Ýöne ol ýygnanja pulumy 2
günde gurt etdim, sowdum. $eýlelik bilen arzuwym puç boldy,
goybolsun etdim."Dynç aly$a diýip ýygnan puluñy 2 günde sowmaly
däl ekeniñ-dä" diýýänsiñ welin, hemme zat islege bagly bolubam
baranok. Türkmenistandan Istanbula gezmäge agyr myhman geldi.
Goñ$ym we gowy görü$ýän oglanym. 2 gün ýalam Ankara-da, meñ
ýanymda boldy, gelenime görä görüp gideýin diýip. Myhman bolansoñ
näme, gezdirmeli bolýar, normalnyja ýerlere äkidip iýdirip-içirmeli, 3
liralyk "Towuk döner" bilen ýa-da makaronjagaz bilen oñduryp
bolanok. 2 gün i$den jogap alyp $ony güýmemeli boldy, pul sowmaly
boldy. Bulara hijem welin, ag$am $ähere aýla diýensoñ gymmadrak
kafe-bara alyp gitdim. Içýän içgisi $ol ýerdãki iñ gymmat içgi,
rýumkasy 12 dollar, men tölemeli bolamsoñ, içgisini her owurtlanda
gözümi tegeläp potologa seredýän. Menem "ce tea" aldym özüme,
basym gutarmasyn diýip içemok, diñe dilimi degirip ýalaýan, suw içýän
güjükler ýaly. Ol, normalnam içenok, Türkmen-dä, 2 gezek göterip
dynýar. Soñam elini galdyryp offisandy çagyrýar, ýene içip bolup $ef
ofisiandy çagyrýar, iñ soñunda-da milise çagyrdy (Men stolyñ
a$agyndan otwerka diredim,"Boldy et indi" diýen manyda, $oñ üçin
milise çagyrdy, hehe). Aý garaz bolar ýaly däl, menem elimi galdyryp
milise çagyrdym ( "Aý agam, biz-ä $u hasaby tölâp biljek dãl, sen öñisoñy meni ýygnajak bolsañ, häzirden ýygnaýsana" diýen manyda
#degi$me$ek). Ýörite görmãge gelensoñ, hiç zady gaýgyramok,
ba$ymyñ üstinde ýeri bar. $eýdip, dynç aly$ puluñam i$ini gördüm. Bir
tarapdanam dynç aly$a gidip bilmeýãnim üçin gynanýan. 35 gradus
yssyda (Kölegede 50 gradus, sebâbi kölege ýok). "Bäh, howa-da yssy,
häzir deñiziñ gyrasynda bolaýsañ" diýip janygyp nerwniçit edýârin.
Üstesine çilimi ta$lajak bolýan, sãhel zada gyzarylyp duran boldum.
$eýle bolansoñ, hâzirlikçe bar güýmenjäm balkonda oturmak. $u zatlara
nerwniçit edemsoñ, balkonda-da adam ýaly oturamok. Balkonda oturyp,
oñ-muñ i$ine burnumy sokýaryn. Käwagt ogluny käýeýän eje ýaly
bolýaryn, käwagt iñirdewik ýa$uly, käwagtam ýöne ýere yrsaraýan köçe
oglany. Balkonym-yñ öñünde kiçiräk park we çagalar üçin top oýnalýan
meýdança bar. 10-12 ýa$ly oglanjyk, parkda hiññildik uçýardy. Saçy
Neýmar Jr-yñ saçy ýaly, egninde-de sirkde maýmynlañ geýýãn
futbolkasy ýaly ýeñsiz futbolka bar. Iliñ egin-e$igi, da$ky sypaty bilen
i$im bolmaz adatda, ýöne $ol wagt näme üçindir $ol oglanjyga jynym
dü$di. Ne to bir zat etse bolýar, derrew burnumy sokmakçy. Gara$ylan
pursadam gelip ýetdi. Oglanjyk, hiññildikden turyp beýleräkde duran
agajyñ ýapragyny ýoldy, soñam ýerden çybyk alyp agajyñ ýapraklaryna
urup ba$lady. Derrew içerik girip Greenpeace kostýumymy geýip gelip
ayagyma basylan ýaly gygyryp ba$ladym:
-Höööý, jigim, näme agajyñ gülini ýolýañ?
-Hä? Gül däl-ä bu, ýapraga... (Oglanjyk dogry aýdýar).
-Gürleme diýýän. Jogap berme maña...
-Agam, bolýa ýoljak däl indi.
-Jogap berme diýýän saña!!! Indi ýolaýsañ edi$ime seret! Beren
süýdimi halal etmen... (Çagasyna käýeýãn eje göz öñüñe geldimi?)
-Aý agam, nätdiñaý senem... Ýok bolsanaý...
-Eý waý, gara$ häzir, baryp diliñi soguryn seniñ... Ýanyña baraýsam
bolýa häzir...
Elbetde barmadym. Oglanjygam gözden ýitdi. Ag$ama golaýam
meýdança-da çagalar top oýnap ýördiler. Menem hemi$eki ýaly, olary
synlaýaryn we yrsaramaga bahana gözleýârin. Ol barmana biz deñ-du$
bir oglan gelip çagalañ oýunyny pozdy, topy alyp, berenok çagalara.
Topy elinde bökdürýâr, topy çagalañ ýüzine zyñýan ýaly edip
gorkuzýar. Garaz gonojagyñ biri diýen netijã geldim. Men oña seredip
duranymy gördümi nämemi, maña:
-Nämä seredýäñ dost?-diýdi.Edil $ol wagt nãme diýjegimi bilmedim,
sebãbi beýle soraga gara$amokdym. Nâme diýeýin how, "Nãme çagalañ
topuny bereñok, ber oýnasynlar-da" diýsem, " Bular meniñ jigim we
dostlary, sen näme go$ulýañ?" diýse, etjek alajyñ ýok. Dogrudanam
$eýle bolaýmagy hem ahmal. Kellãni i$letdim, derrew içerik gidip illere
töhmet atamda geýýän kostýumymy geýip, gürlãp ba$ladym:
-Dost, illeñ balkonyna dikanlap seretmäge utanañokmow?
-Eeeýý näme diýýäñaý, kim dikanlap illeñ balkonyna seredýâr?
-Sen seredýãñ! Bu domda ýa$aýan ýa$ gelin-gyzlaram bar, utançsyzhaýasyz diýsä!!! Biziñ raýonymyzda gezjek bolsañ akyllyja bolow!!
(Ýöne ýere yrsaraýan köçe oglany göz öñüñe geldimi?)
-Bar-ow "söýdirsenaý!!" Saña seredýän ýok, kelläni agyrtma...
-Gara$ häzir, barjak häzir. 1 minutjyk gara$. Söýdürýänmi
söýdüremokmy aýtjak häzir. Gara$ gelýän...
-Bar i$iñ bilen bolsana dost, näme çaga ýaly hereket edýäñaý?
-Bar onda git $u raýondan... (Özi Türkmenistandan gelipdir,
mestnyýlara haýbat atan bol$uny görýãñmi?).
Bular gündiz bolýan wakalar, ag$amlygam sluçi bolýar. Balkonda
oturyp, töweregi synlasañ sluçi känle...Domyñ gyrasynda 2 sany
nâtany$, piwo içip otyrlar, McM-em bularyñ her herekedini synlaÿar.
Nâtany$lañ biri turyp, domyñ gyrasyna, diwara bug$ugýar. McM,
derrew içerik girip, " iñirdewik ýa$ulyñ" donuny geýip gelýár:
-Agam, näme edýäñ sen?
-(Nätany$, geñirgap seredýär) Hää? Nemelaý, bug$ukdym...
-Bolýamy onsañ $ol? Men seniñ gapyña bug$ugyp gaýtsam, ho$al
bolarmyñ sen? (Köçede, hemme zada burnuny sokup ýören, dünýeden
ne dowolnyý idealist ýa$uly göz öñüñe geldimi?)
-Aý bagy$larsyñ-da inim, garañkyrak ýer diýip...
-Garañkyrak ýer diýip tapan ýeriñe bug$ubermelimi? Haaanha, agajyñ
düýbine bug$uksañ bolanokmy? ( Agajyñ düýbine diýip samsyklaýar.
Greenpeace agzasy ýaly dyñla gündiz, oglanjyk ýaprak ýolýar diýip).
-Aý inim, näme diýýäñaý, agaç diýdiñ, diwar diýdiñ...
Ol barmana, bile içip oturan ýolda$y gelýär:
-Bor how inim, bagy$la. Gygyryp durma ýokardan. Bar ketegiñe gir
akyllyja bol-da!!!
-Nâme diýýäñ? Gara$ häzir!! A$ak dü$ýân, gara$ goluñda gaýratyñ
bolsa!!
-Gabyr bolsanaý! (gapdalyndaka) Ýöreý senem.
Beýdip ýör$üme, bir gün da$aryk çykamda meni Afrikañ mestnyýlary
ýaly naýza bilen awlarlar. Gör$üñ ýaly gadyrdan agza, çilimi ta$lamak
kyn. Çilimi ta$lamaga synany$ýan dost-ýarlaryñyz, dogangarynda$laryñyz bar bolsa, azajyk hä-hawa diýiñ. Soñ düzeler. Howa
yssy. Arzuwlar puç.
***
-McM, hawa, muny ýazmakdaky maksadyñ näme?
-Bäh, ýene senmaý jigim? Näme etjek maksadymy? Okuwyñyz
ba$lamadymy siziñ?
-Ba$lady. Ýöne gyzyklanyp soradym...
-Bir gün-ä seni ýeke tutaryn. $onda, seni äpi$geden a$ak zyñyp
özümem yzyñdan bökerin. Ýere dü$ip barýarkak ýolda tutyp mordañy
döwerin.
-Yssy beýniñi heläk edýär öýdýän, samrap ba$ladyñ welin...
-Sen sorama, menem nemetmäýin.
"ILE AT DAKMAK"
Awtobus-dan dü$dim, öýe tarap, trotuardan maýdalyma ýöräp barýaryn.
Meniñ bilen bir duralga-da dü$en oglan, alñasap ýanymdan geçip
gidýär. Howlukmaç bolmaga çemeli, trotuardaky adamlaryñ köplügine
garamazdan, aralaryndan ok ýaly bolup geçip gidýär. Oglan hakynda
pikir ýöredýärin:
-Bah, bu oglan durmu$da uly üstinliklere eýe bolar. Seretsene,
trotuardaky adamlaryñ köplügine garamazdan, aralaryndan ok ýaly
bolup geçip gitdi. Nirädir bir ýere howlugýan bolmaga çemeli. We,
trotuarda adam köp diýip ýaýdanyp duranok, maksadyna okgunly
ädimler bilen barýar. Bu oglan, durmu$da-da $eýledir, alyp-ýolup
barýandyr... (Jigim, beýle diýsem, "Trotuarda gaty ýöreseñ, durmu$dada üstünlik gazanarsyñ" diýen netijä gelip gaty ýolda büdräp ýörme, ýada köpçüligiñ arasyndan geçjek diýip köpçülikden depilip ýörme. $ahsy
pikir ýöretme bu). Bu pikire gümra bolup barýaryn, ýanymdan ba$ga bir
oglan geçip gidýär. Bu oglan, ilki geçip giden ýaly howlukmasa-da,
ädimini ynamly atýär. Köpçüligiñ arasyndan sypaýyçylyk bilen ötünç
sorap, ýene öz ýoly bilen bolýar. Bu oglanam howlukmaç, ýöne edil
birinji oglan ýaly howlukmaç däl. Yzyndan seredip pikire batýaryn:
-Bu oglanam özüne ynamly, edýän i$ini bilýän oglana meñzeýär. Özem
sypaýyçylykly we ugurtapyjy. Adamlañ arasyndan ötünç sorap geçdi,
ine-de öz ýoluna barýar. Bu oglanam durmu$da hor bolmaz...
Pikirimi soñlamankam, ýanymdan ba$ga bir oglan, ýuwa$ ädimläp
geçip gidýär. Dünýeden doýan ýaly, ýöremäge ýaltanýana meñzeýär.
Köpçülige golaýlaýar. Ýöne, beÿlekiler ýaly adamlañ arasyndan geçip
gidäýenok. Olaryn yzyndan barýar. Adamlañ özi ýol beräýmese,
aralaryndan geçjege meñzänok. Geçmek islemeýän ýaly. Py$dylyñ
çagasy ýaly, ýuwa$ja ätýär, howluganok. Men onuñ yzyndan seredip,
ýene pikire batýaryn:
-$u oglana bir sered-ä... Dünýäni suw alsa topugymdan. Adamlañ özi
ýol beräýmese öz ýoluna gitjek gümany ýok. Durmu$da-da $eýledir bu.
Hiç zady ba$arýan däldir. Nalajedeýin diýsä...
Birdenkä, ajy hakykat, $arpygyny çalýar: Meniñ özüm, 3-sindenem
yzda... Olar barada pikir edip, olary sudit edip, öz ýagdaýymy ýatdan
çykarypdyryn...
"BAÝ/LÄLIK GYZ BILEN HALA$MAK"
Türklerde $eýleräk ýagdaý bar, esasanam uniwersitetlerde:
Gyzlar eger oglany halasa, baý-garyp, negr-ýaponets diýip duranoklar.
Ýa-da oglanlaryñ söz aýdaryna gara$yp duranoklar, gelip özleri söz
aýdar, ýa-da jorasyna aýtdyrar. Häzirki döwür-ä hasam $eýle boldy,
ýaman zaman boldy, erbet döwür boldy diýýän, e$idýäñmi aýal dogan?
Ýöne beýle diýsem, köpriñ a$agynda ýatyp turýan gedaýam bolmaly
däl, kafejagaza zada gidende çaý puluny, nahar puluny tölär ýaly pulam
bolmaly jübiñde. Ummasyzam bolsa. Hemmesi diýmäýin welin,
köpüsiniñ maksatlary belli, uniwersitetde söýü$mek, soñam näme,
okuw gutaransoñam nesibe bolsa nemederis diýýärler. Ine $u hekaýada, buraw makaron iýmekden ýaña saçy buraw-buraw bolan garyp
oglan (men) bilen baý we lälik gyz barada. Käbir dostlarymyz, aýal
doganlarymyz diýäýmegem ahmal, "Bäh, senem her hili gyz bilen
söýü$diñ öýdýän, dek gezeñok öýdýän" diýip. Ýok, edil beýle däl. Jemi
5-6 gyz bilen aragatna$ygym bolandyr. Ýöne hersinden 1-2 hekaýa
ýazsañ köp gyz bilen söýü$en ýaly-da. Onsañam, $u 5-6 gyzyñ diñe 1-i
bilen 1,5 ýarym ýyla golaý aragatna$yk etdim. Galanlary bilen 1 hepde,
1 aý, 2 aý we $.m. Borlaý, samsyk ýaly hala$an gyzlaryny aýdyp otyr
diýmäñ, ýöne umuman $u meseläni ýatladaýyn diýdim. Ýogsa ýekýigrenenim, pylany bilen söýü$dim, pylany bilenem söýü$dim diýip
aýdyan oglanlar. Eýýäm kelläñ ça$dymy? Bor onda, ba$laly tema.
Gürrün berjek gyzym bilen fakultetde tany$dyk, biz bilen bir kursda
däldi, ba$ga bölümdendi. Hany, gyz owadan gyz, men bilen nädip
söýgüli boldy men-ä haýran. Ýogsa fakultetde owadan-owadan
oglanlar, ma$ynly baý oglanlar hem bar. Ahmal, gepi-sözi aly$andyr,
$onuñ üçindir. Hää, ýöne $ularda nemede bar gyzlañ arasynda, "Meniñ
söýgülim da$ary ýurtly" diýmegem bar. Aý, garaz, bu gyzlara dü$üner
ýaly dälle, kim bilýä näme pikir edýär? Garaz, jorasyna aýdypdyr,
jorasam maña aýtdy, ana $eýdibem söýgüli bolduk. Aýdy$ym ýaly, gyz
gurply ýeriñ çagasy we lälik. Iñ gymmat zatlardan geýinýär, duhisem iñ
gymmat duhilerden. Men? Meñ geýinýän e$iklerim, onuñ ýanynda
Moskwan sirkiniñ masgarabazy ýaly. Duhi diýip sepinýänimizem
odekolon ýaly bir zat, ýa-da duhi magazinlerde men ýaly garypjalar
üçin satylýan, ysy, sepinip gapydan çykýançañ ýitýän, arzanjak
duhilerden. Muny, ikimiziñ aramyzdaky tapawut göz öñüñize gelsin
diýip aýdýan. Ýa bolmasa ýene bir zat bolupdy, bir gün gyz maña jañ
edýär:
-Alo salam McM, keýpim yooookk...
-Salam, hä näme boldy?
-Biz häzir ejem bilen magazinlere aýlanýarys. Agatha zakolka aldyk
kiçilerinden. Iki sany. Ulusyndan ejem alyp berenokkk...
-(Agatha zakolkalaryñ gymmatdygyny bilýän, ýöne näçeräkdigini
bilemok) Bäh, näme üçin alanok? Näçe bahasy onuñ?
-Kiçileri 35 dollar biz kiçilerinden aldyk. Ulusy 70 dollar, ondan alanok
ejem...
-Zakolka diýýäñ dälmi 70 dollar? 7 mi 70-mi?
-70. Alanokda...
-Janym… (70 dollar bilen men 100 kg makaron alýan).
Indi $u taýda ýene bir zady belläp geçmekçi. $ahsy durmu$ymyn käbir
wakalaryny içgin gürrüñ bermegi halamok, $ahsy durmu$ym barada
menin rugsat berýän serhedime çenli okap bilersiñiz. Emma meniñ
Ankarada 5-6 gyz bilen aragatna$yk etmegimiñ sebäpleriniñ birem, 5
ýyl ýaly söý$en gyzym bilen aýyryly$magym diýseñem boljak.
Aýryly$ygymyz, adaty ýagdaýda bolmady (Gyz üçin hasiýetiñi
üýtgetmek, Çyrma$yk temalaryny oka). Onsañ, adamlara bolan
ynamym, esasanam gyzlara bolan ynamym has pese gaçdy. $ol gyz
bilen aýryly$magymyz, ondan soñ bolan wakalar sebäpli Ankara geldim
men, Türkmenistanda durup bilmedim. Hawa näme, erkek e$ekdä
bizem, $ol wakalary ýatdan çykarmak üçin herkimiñ herhili sposoblary
bolýar, menem "Hawa McM, barybir çyn söýgi diýlen zat ýok, özüñem
ýat ilde, onda bol$uña görä öñüñden çykan gyz bilen nemediber,
durmu$dan ýeñiläýme" diýlen dü$ünjede. (Dü$ünje ýalny$, öñünden
aýdaýyn. Ýöne $ol wagt, $ol psihologiyam bilen $eyle pikir edýärdim.
Häzir pikir edip oturyn, nähili psihologiýada bolsañam özüñe erk etmäni
ba$armaly. Borlaý, gysgaça, herkim söýenini alawersin ýöne, Alla jandan dilegim).
Tema dowam edeliñ. Ýene bir gün, bu gyz, dostlarym-joralarym bilen
seni tany$dyrjak diýdi. Bolýa diýdim, irden turup taýynlanmaga
ba$ladym. Taýynlykdan soñ, çilim alaýyn diýip gybatçy kommerçeska
girdim. (Çilimem erbet zatdyr how, men-ä ta$ladym iñ soñunda)
-Salawmaleýkim Ugur aga!
-Götünde türsügi ýokdy türsügi...
-Indi nämä gahar… Uff borla Ugur aga, maña bir guty çilim bersene…
-Aý, $u domdaky Mehmetlaý. Hondan bärisi bolan bolýar, nämemi$,
Germaniýa-da prokurorlaryñ, häkimleriñ hiç hili güýji ýokmu$yn…
Germaniýa giden $eýle diýen bolýaraý. Özüm näme diýenok.
Germaniýa gitmänkä bar-a, $ol gedaýdow, geýmäne türsügi ýokdy
götünde…
-Aý, Ugur aga, señem kelläñi agyrdýan zadyña seredaý. 70 ýa$ly adam
bilen deñ bolýañaý... Diýer goýarda…
-Türsügi ýokdy…
-Bor how Ugur aga, türsügi ýok ekeni, hany çilimi bersene… Bliinnn,
gözüme tüsse gitdii...
-Näme? Tüsse gitdi?
-Näme bolar öýdýäñ? Çilimi ýüzüme üfleýäñ… Ber çilimimi...
-Türsügi ýokdy…
-Aý blaat, türsügiñi kelläñe geýdirýän häzir… (Türkmençe).
-Hää?
-Hiç zat. Sag bol.
Gybatçy kommerçeskidigini bilýänem welin, nätjekda $ondan söwda
edýän, beýlekiler da$rakda bolýar. Ba$ga klientlere meniñem gybatymy
edýän bolmagy ahmal:
-Oý blaaaa, hol gün ýoldan geçip barýarka McM-i gördüm, götinde
türsügi ýokdow… Uff, balak geýipdir welin, türsük geýmedigi aç-açan
bildirýä, türsük geýen bolsa türsügiñ yzy bolar-a hää?
-Beyle diýme Ugur aga, geýýändir how. Onsañam McM gowy oglan
(hehe, özüni öwme$ek)
-Ýoklaý, onuñ üçin diýemok, balagynyñ syrmasyny açyp-ýapanda
gapjaýmasyn diýip nemedýän… Türsük geýmeseñ nemäñi
gapjaýmagam ahmal-da…
Ana, $eýle gybatçy adam kommerçeskiñ eýesi. Entäk, kommerçeskiñ
eýesi barada-da birnäçe ýatlama bar, bol$una görä olaram ýazarys nesip
bolsa. Borlaý, ýok etsene kommerçeskiñ eýesini.
Tema dowam edeli. Meñ iiiñ halamaýan zatlarymyñ birem,
gyzyñ/söýgüliñ, joralary/dostlary bilen tany$mak. Tany$arsyñam
normalnyý adamlar bolsa, ýöne gyzyñ dostlary/joralaram gurply ýer,
gepiñ-sözüñem deñ gelmeýär. Hany, baýlyk manyda däl, gürrüñ etmäne
zat ýok. Sebäbi, sen ba$ga ýurtdan, ol ýurdyñ raýatlarynyñ gyzyklanýan
zatlarynyñ köp bölegi bilen gyzyklanañok. Gyz kitabam okanok, kitap
barada gürle$ip bilenok, kino "trend kino" bolmasa görenok, garaz, kän
bir ylala$ýan temamyz ýok, $onda-da söýgüli biz. Aý, näme, diýýänä
erkek e$ek, $onda-da "Belki bir zatlar bolar" diýip gyza "Hä-hawa"
diýýän. Joralary/dostlaram $eýledir diýip pikir edýän menem. Ýöne
$onda-da du$u$dyk. Du$u$dyk du$u$masyna welin, diý$im ýaly,
gürle$mäge zat ýok. Tany$dyk oglanlar bilen, gyzlar bilen, oglanlar
hondan bärisi, gyzlar olardan beter, bezenip beslenip, hany, Türk
seriallarda görýän lälik gyzlaryñyz bar-a, $olardan üýtge$ik ýerleri ýok.
Menem asmandan dü$en ýaly bolup otyryn. 7-8 adamyñ arasynda,
normalnyý gürrüb edere adam bolmazmy diýsene? Ýok. Gyzlar egine$ik barada gürle$ýärler, olar-a diñlämogam, näme diýýänlerine-de
dü$ünemok. Oglanlar… Blää, olar nähili oglanaý, bizema oglanlar bilen
üý$enimizde gybat edýäs welin, bularyñky çakdan a$a. Mysal üçin
biziñ gybatymyz nähili diýsene, "Aý, McM ol gyz bilen aýryly$jak
diýýä welin aýryl$maýa how, diýen bolaýandyrda" ýa-da "Ejeñ
,Begenje 50 dollar berdim welin, entägem berenok" ýaly gybatlar.
Garyp student gybatlary. Bulañky nähili diýsene, "Aý, ýok, Bahadyryñ
köw$i Italýanskiý däl bolaýmasa, 200 dollara aldym diýýä welin, 200-e
originalyny alyp bilmez, fal$iwyý bolaýmasa, Ahmediñ kemeri hakyky
Lacoste koja däl, Mertiñ alan sagady ýaly pylan pylan magazinde
arzana satylýa, 180 dollara". Ine $ular ýaly. 180 dollara ol nähili arzan
sagatka diýip pikir edip otyrkam stulda uklapdyryn. Gyzyñ dostlarynyñ
arasynda bir oglan bar, meñem jynym $oña dü$di. Gürleý$i, e$ikleri
(gara kostýum balak), hereketleri… Gel-de meni depsene McM diýýä
hamana… Myrryhym atlandy diýilýänleri boldy. Ol barmana $ol oglan,
bolgusyz $utka etdi: gyzyñ joralarynyñ biri, hajathana diýip turanda
gyzyñ öñüne aýagyny goýdy. Gyzam ol oglanyñ köw$üne basdy. Gyz
irkilip "Waý, bagy$la" diýse-de oglan "Eýýýýý, seredow öñüñe, bu
köwü$ Italiýadan ýörite zakaz edilen" diýdi. Haaýý bläää, özüne Al
Pacinomyka diýýä diysene… 1 sagat ýaly sabyr etdim $ulara, soñam
dagadyk. $eylelik bilen, gyzyñ dostlaryny/joralaryny tanadym. Bir
günem, gyz bilen "Täze ýylda näme edeli?" diýi$dik. Gyz diýýä, "Emre
Aýdinyñ konserdine gideli meniñ dost-ýarlam bilen" diýýär. Emre
Aýdin diýilýän bag$ynam, toýuña mugt geljek diýse getirmen, halamok.
Woob$em men, Türkçe aýdym diñlämok. Türkmençede diñlämok,
Nury-dan ba$ga. Ol diýýän konserdem, $ol wagtyñ puly bilen adam
ba$y 200 dollar töweregi. Blat, men 200 dollara näçe gün iýip-içerin
diýip pikirlendim, 1 aý. Eýdip-beýdip goýbolsun etmek üçin dyrja$dym.
Adam ba$y 200 dollar-ow, kim bilýä näçe adam bar gitjek ýerimizde?
Gitmedik Emre Aýdinyñ konserdine. Herkim özüçe täze ýyl bellesin
diýdik. "Nämow, McM, $eýle gysykmaý sen, blat täze ýylda bir gowy
edip bellemeli ekeniñizdä?" diýýäniñiz bar bolmagam ahmal, diýmäñ.
Halamaýan bag$ymyñ konserdini diñlemek we ýalanjykdan iýip-içmek
üçin 200 dollaram tölemerin. Osañam, $ol täze ýyl gowy oturdyk...
Oýun edýän, gowy oturmadyk, Türkmenler bilen oturdym, içip
uru$dylar patsanlar, i$ boldy maña-da bulary aralamak. Hehe, borlaý.
Gyzly gürrüñe geçeli.
Umuman seretsem, bolar ýaly däl, gyz bilen gepimiz-gürrüñimiz deñ
gelenok. Baý gyz, eýle-beýle diýme, ýagdaýy normalnyý gyzlar has
gowy bolýar, bu baý gyz özüni hondan bärisi hasaplap, eýlä-beýlä
gidende hasabam tölanok, normalnyý gyz, iñ azyndan hasaba kömek
edýär, hehe. Hany erkek e$ek, öñüñden çykan gyz bilen söýü$mek?
Olam bolanok, gyz, "Men, mundan öñki söýü$enim bilen ýalny$ iler
etdim, seniñ bilen ýalny$ iler edesim gelenok" diýýär. Bolýa diýdim.
Peýda ýok garaz. Aýryly$aýyn diýen netijä geldim. (Umuman,
aýryl$mankam, bu gyz bilen ýene bir waka bar, onam ýazaryn nesip
bolsa). $u zatlary ýeke-ýeke pikir etdim. Günlerde bir gün, gyz bilen
öýde otyrkak, birden ganym gyzdymy, howa gyzdymy bilemok, bir
zatlar-a boldy. Gyz holodilnigi açyp, holodilnikden napitok aldy:
-A gyz, näme içýäñaý sen?
-Kola içýän. Senem içjekmiii?
-Nireden tapdyñ ony?
-Holodilnikden tapdym…
-Alan wagtyñ menden sorap aldyñmy? Näme bu kakañ holodilnigimi?
-Uff, gysyykkkk...
-Bar git hany, bar. Myhmanlam gelýär häzir. Oturma bärde beýdip…
$eýdip, gyzy ugratdym, 2 aýlyk söýgümiz, gutardy, öýüne baransoñ jañ
etdi, aýryly$dyk. "Seniñ öñdenem aýryly$asyñ gelip duran ýaly-la, indi
arkaýyn okuwdaky dostlaryña, töwerekdäkilere aýryly$dyk diýip aýdyp
bilersiñ" diýip bir giden zat diýdi, hiç zat diýmän telefony ýapdym.
Soñ, magnitafona disc goýup, kellämi ýassygyma goýdum… Nury,
ýakymly owazy bilen aýdym aýdýardy: Men bolsa geçmi$i ýatlap
ahmyr edýärdim…
"GURBANLYK"
Aslýetinde $u waka, meniñ durmu$ymyñ umumy mazmuny…
Ýyl: 2013, Gurbanlyk
Ýer: Ýer $ary
Gurbanlykdan 2-3 gün öñ, dost oglanlar bilen dil düwü$dik, dost
oglanyñ ma$galasy Gurbanlyga oba gidýär ekeni, Gurbanlygyñ 1-nji
güni bizem dostlar bolup olarda üý$eliñ etdik. Gurbanlygyñ 1-nji güni,
irden mal soýduk, arassala$dyryp holodilnige okladyk. Biz, Gurbanlygy
iñ soñky gün etmekçidik. Garaz, herkim aladalaryny dynyp, ag$am dost
oglanyñ öýünde ýygnany$maly. Öýlän, jigim bilen bir garynda$ymyza
Gurbanlyk etden et äkitdik. Bu garynda$laram, ejemiñ garynda$lary,
ejemiñem ejesiniñ garynda$lary. Uzagrakdan, ejem $onda-da gatna$ýar
bular bilen. Özleriniñem çagalaram ýok, ýagdaýlary nemeräk
ma$gala.Ýöne bu garynda$lara gidemde, mende hemi$eki ýaly
ýaýdanjañlyk döredi, sebäbi…
Entäk okuwçykak, ýene jigim bilen $u garynda$lara gidipdik, keýpine.
Ejem, baryñ, baryp gaýdyñ, özlerini ýeke duýmasynlar diýipdi. Bardyk
bizem, saglyk-amanlyk sora$yp bolduk, ol daýza öñümize süýtli a$
goýdy. Menem çemçeläp ba$ladym süýtli a$y, eýýäm birinji çemçämde
biri çümmükleýän ýaly ýüzümi tur$artdym. Süýtli a$, gaty duzly, iýer
ýaly däl. Özleri duzlurak iýensoñlar, özlerine adat bolmagy ahmal.
Men ýüzümiñ üýtgändigini görüp, jigim bir zatlar añdy, süýtli a$y
dadyp gördi, onuñam ýüziniñ 5 de$igi bir ýere ýygnandy. Ýöne
garynda$ymyza serdýän welin, olar göwünleri bir ýaly,çemçeläp basyp
otyrlar. Jigim, duzly süýtli a$y iýmän "Men süýtli a halamok" diýip yza
süý$di, okaradaky ähli süýtli a$am maña galdy. Blaat, gözümi ýumup
çalt gutarsyn diýip haýdap-haýdap iýdim menem. Çeýneman derman
ýuwdan ýaly ýuwudýan. "Iýjek däl, duzly bolupdyr" diýseñem bolmaz.
Ana, $ol günden bäri, meniñ $eýdip iý$ime "I$dämenlik bilen iýýä"
diýip dü$ündimi nämemi, biz her Gurbanlykda jigim bilen
baranymyzda, önümize süýtli a$ goýýarlar. "McM süýtli a$y gowy
görýär, okarasyna näçe guýsañam iýýär" diýýämi$in ejeme. Menem
aýtdym ejeme "Eje, men ony neme bolmasynlar diýip iýýän, ýogsa iýer
ýaly däl, gaty duzly edýär daýzam" diýsem, ejem "Hawa, olar duzla
öwren$endä, senem iýibersene" diýýär. Nädip iýeýin, ondan son 2
günläp tuwaletden çykyp bilemok, iki günlap tuwaletde ýa$aýan...
Çyndanam üýtge$igaý $ol daýza. Bir gezegem bize gelipdiler, ejeme
"Gyy, saña bir gowy sowgadym bar, gara$, görersiñ" diýipdi. Aý, näme,
bizem çaga-da, "gowy sowgat" diýilse, her hili zat barada pikir edýän.
"Bäh,daýzam akkumulýatorly ma$yn berjekmika ejeme? Blat, ejem
näme etsin diýsene akkumulýatorly ma$yny? Garaz her hili zat barada
pikir etdim, iñ soñunda sowgady berdi: Ýelme$meýän skoworodka.
Gaty gynanypdym, "gowy sowgadam" $umyka indi diýipdim. Hawa,
ejem akkumulýatorly ma$yny name etsin, ýa-da suw sepýän tüpeñi?
Onuñ üçin iñ gowy sowgat, kuhnýa enjamlary, hemme ejäniñ bol$y
ýaly.
Ine ýene $ol günem, "Haý doo, duzly süýtli a$ iýmeli bolarysow" diýip
gitdik garynda$ daýzanyñ öýüne. Barsak, daýza öýde ýok ekeni,
ýolda$y bar ekeni. Ýolda$y nahar iýip oturan ekeni. Nahar iýip oturan
ýerinden gel-geç diýdi. Ýa$uly, çanagy etden doldurypdyr, çanagyñ
içinde-de naharyñ azajyk çorbasy bar, kepgir bile et iýýär. Geñ galyp
seredenimi duýdymy nämemi, "Hehe, daýzañ çemçeleri gizläpdir,
tapmadym" diýen bolýar. "Aý, ýa$uly, ýer $arynda kepgir bilen et iýýän
ilkinji we iñ soñky adam sen bolaýmasañ" diýdim. Elbetde içimden.
Gaýtdyk onsañ. Ag$ama taýýarlyk gördük. Ag$am, öýdäkilere dost
oglanyñ öýünde boljakdymy, öýe gelmejekdigimi aýtym. Ejem rugsat
bermedi, kakañdan sora diýdi hemi$eki ýaly. Kakamdan rugsat alyp,
ag$ama golaý ýola rowana boldum.
Bardym dost oglanyñ öýüne, oglanlaryñ gelenem bar, indi gelmelisem
bar, gelmelilerem geldi soñ. Ýöne bir problema bar, dost oglanyñ gyz
jigisem öýde we onuñam joralary gelipdirler. Bir tarapda biz iýip-içip
otyrys, bir tarapda-da gyz jigisi joralary bilen. Özümi oñaysyz duýdym
elbetde, muñ öýünde ýatyp bolmaz. Ýatmaga diýip öýden rugsat alyp
gaýdan diñe men öýdýän doo, beýleki oglanlar ýuwa$-ýuwa$dan
gaýdyp ba$ladylar gije 12-den soñ. Öý eýesi, men we öý eýesiniñ biz
deñ-du$rak gon$ysy bolup galdyk. Gon$ysy bilenem sözümiz aly$anok,
ponýatiýamyz deñ gelenok. Men dutar diýýän, ol kontrbass diýýär,
gitara diýýär. Öýde-de 4-5 sany gyz bar, olaram $ol dost oglanlaryñ
öýünde ýatmalymy$. Gije, 2 töweregi öýe gaýtmagy ýüregime düwdim,
näme edeýinow gyzlañ arasynda? Öý eýesi saklady, gijäñ ýarysy gitme
diýdi. Menem gitmäge höwesek dällaý, öýdakiler ýatandyr, onsañam
zordan rugsat aldym, näme üçin geldiñ diýmeslerem, kakamyñ
myjalatly sözlerine duçar bolaýmagym ahmal. Dostumyñ gon$usy
mesläni çözdi: Ýör bizde ýataý, menden ba$ga hiç kim ýok öýde,
biziñkilerem oba gitdi. Bolýa diýdim.
$eydip, Mekanyñ öýüne, 2 etaž a$ak gaýtdyk ýatmaga.
Mekanam bizin Gold1989-ymyz ýaly, kompýuter bilen gyzyklanýan
oglan ekeni. Öýe baramyzdan soñ, kino göreli diýip bir hard disc
çykardy. 500 gygabaýtlykmy nämemi. Kino görýäs welin, arasynda
ýañky disc öz-özi titreýär, bökýär. Hard disc her gezek böküp
gymyldanda menem bökýän. Nirede gören zadym beýle disc. Ýoldayzda $ol hard disci görsem gara ma$ynmyka diýerin, $eýle uly bolup
göründi gözüme. Mekan bolsa arkaýyn, "Aý, käwagt $eýdip bökýärdä"
diýýär, hamana öýüñ pi$igi bökýär.Soñ, bolgusyzja kino görüp
dagadyk. Aslyýetinde ol dagady, men $ol ýerde ýatmaly. Ýatyryn, bir
tarapdanam pikir edýän, "Blat, oglanlar bilen gowy edip oturarys, hezil
ederis, soñam dost oglanyñ öýünde ýataryn obeda çenli diýdim welin,
bolmadaý. Bizem öýsiz dälä-how... Aýdaýmaly-da gyz jigimiñ
joralaram bar diýip. Gelmezdimdä menem. Ine häzir bolsa tanamaýan
adamymyñ öýünde ýatyryn, Mekanyñ öýünde… Mekan kimaý doo"
$eýdip, pikirlere batyp ýatyrkam, birdenkä öýüñ içinde birhili sesler
e$idip ba$ladym. $aglawugyñ sesi e$idilýär, menem geñ galýanmy,
gorkýanmy belli däl. Hamana, komnatda derýa akýar $ybyrdap. Soñ,
gu$lan sesi gelip ba$lady, sesler hasam gorkunç bolup ba$lady. Bir
tarapdan derýa akýan ýaly ses, bir tarapdanam gu$uñ sesleri, blat näme
bolýaraý? Sesler edil $eýle:
Gukguk. Gukguk. Guggurugukguk. Guk guk.
Hevhevhevhevhevhev.Hevhevhevhevhev.Hevhevhevhevhevhev.
hevhevhevhevhev.Gukguk. Guggurugugguk. $aryllll. $yr$yrrrrr (Ýokla
nemedemok, derýañ sesi bu).
30 sekunt ýaly $u sesleri diñledim. Soñ birdenkä, ýene bir ses e$itdim,
e$itdim e$itmesine welin, eden ähli günälerim göz öñüme geldi:
AllahuEkber AllahuEkber! AllahuEkber AllahuEkber!
Öz ýanymdan diýýän, ölüp jennede dagy dü$äýdimmikäm, gu$ sesi,
derýa sesi, azan sesi, nirä geldimaý men? Soñ bilip galdym bu sesleriñ
sebäpkari: azan okaýan sagat ekeni. Ol barmana, öý eýesi atylyp
komnata geldi, ylgap sagady öçürjek bolýar. Howlugyp öçürjek
bolansoñam, öçürip bilenok. Hany, ýatan adam bimaza bolmasyn
diýýän bolmaly. Depip-gapýar, sagady ýumruklaýar, $arpyk çalýar
öçürjek bolup, bolar ýaly däl garañkyda. Iñ soñunda çyrany açyp öçürdi.
Menem, aý oglan özüni emaýsyz duýmasyn diýip uklansyran boldum.
Uklansyran bolup, çyndanam uklapdyryn.
Irden, telefonymyñ sesi gygyryp ba$lady, seretsem kakam jañ edýär.
Atylyp turdym:
-Alo, kaka?
-Niredeý sen, näme öýüñe geleñok, öýüñ ýokmy seniñ?
-Kaka, men Mekanlarda. Düýn aýtdyma saña…
-Bol çalt gel. Hally kakañlañ goýunyny soýup ber...
-Kaka, olar entäk soýmandyrmy malyny?
-Hää, soýupdyrlar, ýöne sen gowy soýansoñ, ýene saña soýdurjak
diýýärler…
-Kaka, oýun edýäñmaý?
-Gel çalt öýe, ulalyp oñalmadyk…
-Ay kaka, näme üçin beyl…
-(Dyyt, dyytt, dyyttt)
Turyp geýindim, seretem Mekan ejesiniñ 36 razmer $ypbygyny geýip
kuhnýada gap-gaç ýuwup dur. Meni görüp "Ertiriñ haýyr McM, sagaman ördüñmi, çaý goýaýynmy?" diýýär. Hamana ýolda$yna mylaýym
söz aýdyp ertirlik taýynlajak gelinler ýaly. (Myhman atañdan uly, $oñ
üçin nemedýä). Ýok sagja bol, men gaýdaýyn, diýip Mekan bilen
sagbolla$yp öýden çykdym. Iki etaž ýokary çykyp dost oglan bilen
sagbolla$aýyn diýsem, olaram ýatyrmy nämemi, açmadylar gapyny,
göni öýe gaýtdym. Öýde, meni Hally kakamyñ maly gar$y aldy.
Soýdum.Etleri çanaga goýup öýe ugratdym, çilim çekeýin diýip
oturdym. Ol barmana köçeden tany$ oglanjyk geçip barýardy, birdenkä
meni görüp howla sowuldy:
-Salam agam, gowumyñ?
-Gowy jigim, sen nähili?
-Menem gowy. $u goçuñ ýumurtgasyny almaýan bolsañyz, maña
beräýiñda?
-Al jigim, näme iýýäñizmi muny?
-Ýok, biz-ä iýemizok. Ýöne biziñ domumyzda bir Türk ýa$aýar, $ol
iýýär. $oña satjak.
-Al jigim al. Muña-da pul berýän barmaý?
-Hawa agam. Senem Türkde okaýaña, sen näme iýeñokmy?
-Türkde okaýa diýip t.$$ak iýip ýörmelimow biz? Türkmen-ä how biz,
nähili gürrüñ edýäñaý jigim?
-Aý näbileýinda McM agam, biz-ä $eýle diýip e$itdik. Añyrda okaýan
oglanlar Tür…
-Bareý jigim, t.$$agyñam alyp git. Kelläni agyrtma bolýamy?
-Ol ýanyñdaky nämaý? Kä$irmi?
-Ýok, ol kä$ir däl. Goçuñ nemesi. Gerekmi, al munam
-Aý, ol iýilenoga...
-Men 25 ýyl bäri iýýän $ony jigim…
"ÝEK$ENBE GÜNI"
Meniñ kakam Superman däl, maskasy ýok, uzyyn Superman e$igem
ýok. Emma bir sumkasy bar, ullakan bilýäñizmi siz? Nireden biljek
diýsene.Günleriñ birinde ertir ir bilen men sadiga gitjek däl diýip
sümügimi akdyryp uly ilim bilen möññürdim. Eýwanyñ ortasynda hol
günjik balagyma siýenje ýerimde ýalanjykdan aglap, "Ýene näçeräk
wagtlap aglasam meni sadige ugratmazlarka" diýip otyrkam, birdenkä
sumkanyñ içine girdim. Kakam, elimden tutup, meni i$ine äkidýär, ana
$ol gün men, Döwler diýaryndaky Gulliwerdim. Kakamyñ i$ ýerindäki
stollara boýum ýetenok, stullarda oturyp bilemok. Gyz-gelinler
ýañagymy gysýarlar. Adamlar çüküñi görkez diýýärler. $eydip günorta
nahary gelip ýetýär. Kakam öýden getiren naharyny çykarýar, etli
makaron. Etleri men iýýärin, makaronlary kakam. Gazly suw içip
gägirýärin, gyz-gelinler ýene ýañagymy gysýarlar. Soñ kakamyñ
stolyna gelip, gök ruçka bilen dagyñ, günüñ, derýanyñ suratyny çekdim.
Aslyýetinde suratyñ manysy, gün dagyñ arkasynda gizlenende,
derýanyñ gyzyl reñkde akmagydy, emma bolmady. Gök ruçka bilen, bar
ba$aranym $u. Gyz-gelinler $onda-da ýañagymy gysdylar. Ag$am
boldy, çyralar söndi, buzgaýmakçynyñ buzgaýmagy gutardy. Öýe
gaýtdyk bizem, derrewjik ýerime ýatyrdy ejem. Ýatmajak bolup, köp
bahana tapdym, ukym gelenok diýdim, siýesim gelýä diýdim, soñ
suwsadym diýip aldadym, soñam ýüregim bulanýar diýip, soñra… Ejem
erteki okap berdi, uklapdyryn. Belki ertirem kakam meni i$ ýerine
äkider diýip arzuw etdim. Ertesi güni, bahanalaryma garamazdan sadige
ugratdylar. Sadik bilen problemam sadikdäki çagalar bilendi. Her uky
wagty ýatyp turanymyzda ýerime siýenimi terbiýeçä $ugullaýan
Serdardan, hemi$e aglap ýören Mähriden, gören ýerinde oýunjak ma$yn
bilen kelläme urýan Azatdan bizar bolupdym. Bir gün terbiýeçiniñ
gulagyna py$yrdap soradym. Beren jogabyna geñ galdym. Ýene-de
bagtymy synap görmekçidim. Ýek$enbe günidi. Irdenki multfilmleri
sypdyrman görýän McM, ýagny men, irdenjik turdym, telewizory
açdym. Bir gulagym telewizorda, bir gulagym ejem-kakamyñ otagynda.
Horruldy sesi ýitäýse kakam oýandy diýmek. Horruldy sesi ýitdi, böküp
ýerimden turdym. Ýanlarynda men sygar ýaly kiçiräjik ýer bardy,
dykyldym. Ilki kakam bir gözüni açdy, soñam ejem tanajak bolýan ýaly,
4 sany göz, kömür garasy ýaly. Oýanandyklaryna gözüm ýetensoñ
"Gujakla$yñ bol" diýdim. Manysyz ýüzüme seretdiler. Soñam
"Gujakla$dylar", "Gujakla$dylar", "Gujakla$dylar". Hiç zadam
bolmandy! Terbiýeçi, meni aldapdy! Aglap ba$ladym. Kakam gujagyna
aldy, ejem sorady, dü$ündirdim: "Men" diýdim, "Terbiýeçimizden
soradym", "Nädip jigim bolarka?". Terbiýeçi gülüp, "Ejeñ bilen kakañ
gujakla$synlar, onsañ saña jigi geler". Gülüp ugradylar. Hawa, hawa!
Meñ aglanyma seretmän, utanman güldiler. Entägem aglardym welin,
ejem gyjyklady. Üstlerine münüp, sesimiñ ýetdiginden gygyrjak
bolsamam kakam, elini boýnumdan dolap, meniñ bilen uru$ etdi.
'Diýmek, sen jigi isleýäñdä?" diýip, has beter gyjyklady. Soñ, arkan
ýatyp elimi ýeñsäme goýdum, arzuw etdim "Jigim bolsun!", "Çaltrak
bolsun" diýmäni, ýatdan çykarypdyryn. Aradan wagt geçdi, ejem erik
küýsedi. Ejemiñ garnynda böküp oýnamagy gadagan etdiler. Takmynan
9 aý soñ jigim boldy. "Ýüzi nähilaý munuñ, ýygyrt-ýygyrt, ýem$ikýum$uk" diýdim içimden. Bu gün 27-nji sentýabr, bazar güni. Seniñ
doglan güniñem däl. Seniñ göwnüñi aljak bolubam ýazmadym. Seniñ
bilen sögü$medigem. Adaty 27-nji sentýabr, ýek$enbe güni. Ankara-da
sizi ýatlap otyrkam kelläme bir pikir geldi: jigim, ýene bir ýek$enbe
güni nesip bolsa irden turup, ejemi-kakamy gyjyklalymy?
"SIGNALIZASIÝA"
Adamyñ ba$yna geläýjek iñ oñaýsyz ýagdaýlaryñ birem, magazindäki
signalizasiýanyñ sen çykyp barýarkañ gygyryp ba$lamagymyka
diýýärin. Prison Break diýip serial bardy bilýän bolsañyz, günäsiz ýere
türma dü$en agasyny halas etjek bolup, Micheal Scofield, ilkä türmä
girýärdi, soñam türmeden gaçýardy, öran gyzykly we örän
tolgundyryjydy. Ine $u ýagdaýam Prison Break-den kem däl. Ýöne, öz
ba$yña gelse elbetde gyzykly däl. Göz öñüñe gelendir-ä, hany
magazinlerde arasyndan geçýän aparatymyz bardyr, ogurlyk-pogurlyk
bolmasyn diýip, ulurak magazinlerde goýýandyrlar. Käwagt, $ol
apparatdan geçip magazinden çykyp barýarkañ signalizasiýa uly ili
bilen gygyryp ba$laýar, ýogsa siziñ günañizem ýok.Hondan bäri bolup
e$ik-pe$ik alarsyñ, satyjy gyzlar bilen ýylgyran bolup gürle$en
bolarsyñ, kassa baranda kassir$anyñ "Salam jenap, tölegiñiz nagtmy
ýogsa kart bilenmi" diýen soragyna Winchester Dyuky ýaly "Nagt
elbetde" diýen bolarsyñyz. Çykyp barýarkañ signalizasiýa gygyranda
bolsa, özüñi Meksika serhedinde tutulan gaçgak emigrant ýaly
duýarsyñ. Özüñi günäkär duýarsyñ, gözüñ garañkylar, eliñ sandyrar,
gözüñ öñünden ak tüsse asmana galan ýaly bolar. Hawa, onsañ adam
günäsiz ýerden signalizasiýa gygyranda her hili reaksiýa berýärdä. Men
bir gezek bir magazinden 2 sany boxer, 2 sanam maýka alypdym we
çykyp barýarkam signalizasiýa gygyrypdy. Derrew elimdäki paketleri
ýere goýup kinodakylar ýaly ellerimem ýeñsäme goýupdym we organ
i$gärleriniñ ellerime naru$nik dakmagyna gara$ypdym. Sebäbi,
yzymdan biriniñ maña pistolet çenäp "Put the fucking package down
and do not move" diýerine gara$ypdym. Soñ ohrana gelip ''Dost, $ugün
birnäçe gezek gygyrdy $u signalizasiýa, döwüldi öýdýän'' diýensoñ
ynjaldym. Ynjaldym ynjalmasyna, ýöne da$ töwerege sähel wagtlygam
bolsa magazinden türsik-maýka ogurlan ogry ýaly bolup göründim diýip
utanypdym, il näbilsin diýsene paketde näme bardygyny. Soña-baka
öwreni$dim, soñ-soñlaram $eýle ýagdaý boldy welin, ünsem bermedim,
$ol apparat ''diwiidiwidiwidwi'' diýip gygyryp ba$lan wagty,
magazindäki i$gärlere seredip ''Hehe, gygyran bolýa, öz magazinimiñ
signalizasiýasy, öz eýesine gygyrýar'' diýen bolup, alan zatlarymyñ
kwitansiýasyny görkezipdim. Hawa, beýdip samsyklamagam gowy däl
welin, signalizasiýa gygyran wagty çommalyp aglanyñdan ýa-da ohrana
seredip ''You can not catch me, catch me if you can, you bastard
FBR!!!'' diýmekden-ä gowydyr. $onda-da entägem magazinlere her
gidemde, günäsizem bolsam birdenkä çykyp barýarkam signalizasiýa
gygyraýsa näderkäm diýip pikir edýärin. Göz öñüñe getir: Men çykyp
barýarkam signalizasiýa ýöne ýere gygyrsa... I$e täze ba$lan
öwrenjeräk ohranada-da panika dörap, men ýagdaýy dü$ündirip
ýeti$mänkäm meni atsa... Soñ hemme ki$i meniñ da$yma
üý$seler...Meniñem agzymyñ gyrasyndan ''S'' harpy ýaly bolup gan aksa
we üsgürip, zordan elimi jübime sokup alan zatlarymyñ kwitansiýasyny
ohrana görkezsem... Günasizdigime gözleri ýetip da$yma üý$en hemme
ki$i aglap gynansalar... Kelläm, çep tarapa ýykylmanka, iñ soñky
demimde meni ýöne ýere atan we ökünip, gujagynda saklap duran
ohrananyñ elinden tutup kinolardaky ýaly "Näme üçin? Näme üçin hä?
Näme üçin meni atdyñ Maýkylll? Meniñ günäm nämedi?" diýsem,
ohrana-da aglap ''Meniñ adym Maýkyl däl dost, Sähetmyrat'' diýse... Ine
gör$üñiz ýaly, magazinde ýöne ýere signalizasiýa gygyraýsa diýip $eýle
zatlary pikirlenýän. Psihologiýamyn i$i gaýtdy halys. Birem ajykdym.
© $anur Amangeldiýew 2015

Benzer belgeler