Myrat Annanepesow S.Edebiıaty žurnaly 10/1989

Transkript

Myrat Annanepesow S.Edebiıaty žurnaly 10/1989
Myrat Annanepesow
S.Edebiýaty žurnaly 10/1989
Ýakyn tarymyzdan;
Marynyň
Rus goşuny tarapynda boýun egdirilmegi
28 fewral 1883
Maryny basyp almakda esasy rol oýnan rus generaly Alyhanow Awarsky
Gökdepe gyrgynçylygyndan soň Mary sebtinde syýasy ýagdaý biçak çylşyrymlaşypdyr.
Ol ýere Ahally bosgunlar döklüp başlapdyr, olaryň arasynda galany goraýjylar Dykma
serdar, Magtymguly han ýaly serdarlar bolupdyr. Ylat mundan beýläk nähili
bolmalydygyny, nirä ýüz tutmalydygyny bilmän janserek bolupdyr. «Ak sakgallar hem
hanlar goňşy döwletlerden arka taparys diýen tama bilen çar tarapa urnupdyrlar».
Emele gelen ýagdaýdan çykmagyň dürli wariýentlerini ölçerip-döküpdirler, şol sanda
kömek sorap Eýrana, Owganystana, Englislere ýüz tutmagyň hem maslahatyny
edipdirler. Golaýda Orsýete elgarama bolan Hywa hem Buharanyň raýatlygyna geçmek
mümkinçiligine hem seredipdirler. Geçirlen gepleşikleriň netijesinde 1881-nji ýylyň
iýun aýynda Hywa hany Mara özüniň dikmesini hem iberipdir, ýöne onuň işi beýle
şowuna düşmänsoň, 1883-nji ýylda ol yzyna çagyrlypdyr.
Ýöne
Orsýede
parahatçylykly
birigmek
wariýanty
has
köp,
has
anyk
maslahatlaşylypdyr. Ýokarda ady tutulan Dykma serdar bilen Magtymguly han muňa uly
ýardam edipdir. Olar şol wagt eýýam patyşa wekilhanalaryna gulluga giripdirler, maýor
derejesini alypdyrlar. Olar Mary bilen Aşgabadyň aralygynda bir syýhylly gatnaw edip
durupdyrlar (Dykma serdar bolsa Pterburga gidip-gelmäge ýetişipdir), Mary Tekeleri
Orsýetiň raýatlygyna, özleri bilen Aşgabda gitmäge, rus häkimiýetleri bilen gepleşikleri
geçirmäge yrmaga çalşypdyrlar. Maryly Tekeler üýşüp ýa-da ýeke-ýekeden olaryň
diýenini edipdirler. Birnäçe ýyllap Tekeleriň elinde ýesirlikde bolan «Konownir
1
Myrat Annanepesow
S.Edebiýaty žurnaly 10/1989
Kidýanow»iň Marydan ýazan haty hem Orsýete parahatçylykly birikmek
meýilleriniň ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol 1881-nji ýylyň 26-nji maýynda
Aşgabada maýor Spolatbug-a ýazan hatynda şeýle diýär: «Türkmenler meni uly
adamdyr oýedip hormatýalarlar. Meniň ýanyma gojalaram, ýaşlaram gelip; biz
nädip Ruslar bilen ýaraşyp bilerkäk?- diýp soraýarlar. Türkmenler maňa ynandylar
we aýagymdaky bir putlk demiri aýyrdylar…». Bu zatlaryň hemmesi Maryly Tekelerde
eýýam 1881-nji ýylda Orsýetde parahatçylykly birikmegiň peýdasyna öwrülşik bolup
başlanandygyna şaýatlyk edýär. Elbetde, şol bir wagtyň özünde problemanyň başgaça
wariýantlaryny ara alyp maslahatlaşan we isleglerine dürli ugurlar bilen hereket eden
başga güýçlerem bolupdyr.
Şeýlelikde 1881-1883–nji ýyllarda Mary sebtinde birnäçe döwlet göz gyzdyryp
başlapdyr. Hatta dört sany esasy Mary hanynyň biri Maýly han obrazly dilde, bir wagtda
5-6 adam söz aýdyjy gelýäň, ýöne «kime gelin boljagy näbelli» gyýza meňzedipdir.
Umuman Marynyň Orsýete birikmeginiň häsýeti barada gürrüň edilende-de, tutuş
Türkmenistan babatda boluşy ýaly, metodologiki taýdan bu prossesiň köp wariýantli,
köp gyraňly we gapma-garşylykly bolandygyny ýatdan çykarmaly däldir, «öňünden
programmalaşdyrlan» bir taraplaýyn hereketli köçe ýaly görkezilmeli däldir.
1878-nji ýylda Marydaky Ruslara garşy toparlaryň iň täsirli ýolbaşçysy Gowşut hanyň
aradan çykmagy, ol topar üçin uly zarba boldy, şondan soňra ogly Baba han atasynyň
ýerine geçýär.
Gowşut hanyň 19-nji asryň 2-nji ýarymynda Mary Türkmenleriniň arasynda ajaýyp
syýasy işgär bolandygyna, 1875-nji we 1876-nji ýyllarda Hywa hem Eýran goşunlarynyň
derbi*dagyn edilmegini gurandygyna, Tejen derýasynda bent bina edendigine, uzak
ýyllaryň dowamynda tutuş günorta we günorta-gündogar Türkmenistanda biçak uly
abraýa eýe bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. 19-nji asryň 70-nji ýyllarynda patyşa
goşunlarynyň Hazar ýaka sähralaryna
ýerli ýagdaýlary öwrenmek üçin guraýan
ýörişleriniň güýçlenmegi-de Gowşut hanyň Orsýete bolan barlyşyksyz garaýşyna sebäp
bolupdyr. Ýöne onuň ömrüniň ahyrlarynda Ruslara bolan barlyşyksyz garaşy bolup
geçýän wakalara, aýratynam patyşanyň Mary babatdaky planlaryna bolan seresaply
garaýyş bilen çalyşýar. Ol emele gelen ýagdaýa dogry baha bermegi başarypdyr we
«Marynyň eteginde gan döküşigiň bolmagynyň hiç hili manysynyň ýokdugy hakda aýdan
sözleri hem ömrüniň soňky ýyllaryna degişlidir…Ol ilaty, birnäçe müň öýli Türkmen
bolup, Orsýetiň öňünde durup bilmejekdigine, Orsýet Buharany we Hywany eýeländen
soň munuň başartmajagyna ynandyrmaga çalşypdyr. Netijede Gowşut hanyň Orsýete
bolan garaýşynda onuň ömrüniň ahyrlarynda düýpli özgerişler bolupdyr.
2
Myrat Annanepesow
S.Edebiýaty žurnaly 10/1989
Marynyň Orsýete birikdirilmeginiň golaýlaşmagy mynasibetli, 1881-1882–nji ýyllarda
Ynglis-Rus bäsdeşligi üzül-kesil güýçlenipdir. Owganystanyň topragynda hereket edýän
Ynglis imperýalistleri Orsýetiň, Marynyň we Hyratyň üsti bilen Hindistana, ondan aňryk
günorta-gündogara gitmek planlary barada goh turzupdyrlar. Orsýete garşy gönükdirlen
ýykgynçylykly işlerini güýçlendiripdirler, Mara öz agentlerini O,Donowany (Siýahpuş-yň
topary we başgalary) iberip durupdyrlar. Olar bolsa ilatyň arasynda Ruslara garşy
işeňňirlikli propaganda alyp barypdyrlar. Britan harby-siýasy razwedkasynyň wekilleri
Mary bilen serhetdeş raýonlarda, hemme ýerde sümsünip ýörüpdirler, Marylar bilen
gatnaşyk açmaga bahana gözläpdirler. Hyratdan, Maşatdan we beýleki ýerlerden Mary
aksakgallary bilen şol sandan Güljemal han bilenem yýzy giderli hat alşypdyrlar.
Umuman Britan razwedkasynyň gizlin hereketleriniň hemme ýerde Orsýetiň günorta
Türkmenistana
barha
çuňňur
aralaşmagy
bilen
paralel(ýanma-ýan)
alnyp
barylýandygyny, günbatarda Şagadamdan, gündogarda Guşga çenli ruslaryň gapdaly
bilen gidendiklerini bellemek gerek. Türkmenistanyň Orsýete birikdirilmek gelişmesiniň
ähli ýyllarynyň dowamynda, onuň günorta çäklerinde Astrabatda, Maşatda, Hyratda
Ynglis agentleri Rijwaý, Lamesden, Stuart, Thomson, Ýit, Fin, Stiwen we başgalar, Ynglis
agentleri tarapyndan hakyna tutulan Eýran we Owgan agentleri (Jemşidileriň serdary
Ýalangtuş han, Siýahpuş we başgalar) işeňňirlik bilen hereket edipdirler. Olar serhet
ýakasyndaky raýonlarda iş alyp barypdyrlar. Türkmen serdary bilen duşuşypdyrlar,
olary boş wadalar bilen yrypdyrlar, Tahranyň, Maşadyň, Hyratyň hökümdarlaryna,
hususanam Owganystanda Abdyrahman hana we başgalara zor salypdyrlar. Nurberdi
han, Dykma serdar, Gurbanmyrat işan, Baba han we başgalar Eýranyň çäklerine birnäçe
gezek gidipdirler we Ynglisleriň duzagyna düşüpdirler. Ynglis agentleri hanlary
aldapdyrlar, hanlar bolsa öz nobatynda taýpadaşlaryny aldapdyrlar.
1881-nji ýylda, Gökdepe gyrgynçylygyndan soň, türkmenler Orsýete garşy göreşe
özlerini öjükdiren, bu işde zerur ähli kömegi wada beren Ynglis agentlerine rehimsiz
3
Myrat Annanepesow
S.Edebiýaty žurnaly 10/1989
aldanandyklaryna gutarnykly göz ýetiripdirler. Hatta Gökdepe tragediýasyndan soň
1882-nji ýylyň martynda Astrabatdaky Britan konsuly Polkownik Stiwen gizlinlik bilen
tutuş Ahal-Teke sebtiniň içinden geçipdir we bu ýerleriň jikme-jik kartasyny düzüpdir,
soňra Maşatda 70 adamdan ybarat, şol sanda Maryly türkmenlerden hem ybrart skort
tutup, göz edip Köpet dagyň eteginden geçipdir. Şeýdip dürli myş-myşlar döredipdir.
Türkmen hanlarynda Ynglis tarapyndan ýaragly kömek bolar diýen umyt uýarmaga
çalşypdyr.
Inglis agentleriniň Marydaky esasy wezipesi ýaragly kömek hakynda boş wadalar
bermek bilen bu ýerde Orsýetiň häkimligini ykrar etmäge yrmakdan, ýerli ilatyň
arasynda Orsýete duşmançylyk oýarmakdan, Salyr we Saryk Türkmenlerini,
Owganystanyň häkimligini ykrar etmäge yrmakdan ybarat bolupdyr. Hakykatdanam
Britan mejlisinde peimer ministerler Biknosfild we Gladston, Peterburgdaky, Eýrandaky
içliler Tronton we Thomson, müň adamly topar bilenHindistandan Hyrata, Pendiniň
çäklerine iberilen Ynglis Generaly Lamsdon we polkownigi Rijwaý bu meseleleri ýygyýygydan
ara
alyp
maslahatlaşyp
durupdyr.
Şeýlelikde
Marynyň
Orsýete
birikdirilmeginiň öň syrasynda içki gapma-garşylyklaryň we daşky faktorlaryň çiginli
düwüni emele gelipdir, oňa bolsa diňe Orsýet däl, Britanýa-da, Eýran hem
Owganystanam Hywada-da dahylly bolupdyr.
Ýene Orsýetiň Mary baradaky hereketlerine dolanyp geleýliň. Orsýet kem-kemden,
ýöne gyşarnyksyzlyk bilen gündogara süýşipdir, Marynyň çäklerine ýakynlaşypdyr,
ýüzüniň ugruna Eýran bilen serhetdeş raýonlary, merkezi Kaka bolan Etek sebtiniň
obalaryny, uly Türkmen obalary bolan Duşagy, Mänäni, Çäçäni we beýleki obalary özüne
birikdiripdir. Ol obalaryň ilaty Eýran häkimliginiň astynda galanyndan, Orsýetiň
raýatlygyny kabul edenini gowy görüpdirler.
4
Myrat Annanepesow
S.Edebiýaty žurnaly 10/1989
1882-nji ýylyň başynda Aşgabatdan Mara Moskowaly söwdigär kerweni guralýar.
Şondan soň Mary bilen Ahalyň arasynda söwda-yktysady gatnaşyklar ösüp başlaýar.
Maryly Türkmenler Aşgabada öz harytlaryny getiripdirler, satmak üçin köp mal
sürüpdirler. 1883-nji ýylyň ahyrynda patyşa goşunlary Tejen sebtini eýeleýärler we
Marynyň alkymyna dykylyp barýarlar. 4 sany top bilen ýaraglanan bu uly bolmadyk
ýygyndy toparyň esasy maksady patyşa goşunlarynyň Mara hüjüm etmegi pugta
ýüregine düwendigini äşgär etmekden ybarat bolupdyr. «Tejen sebtiniň eýelenmegi
bilen goňşy Marynyň ykbaly çözlüpdi» diýp, akademik M.N.Tikhmirow ýazýar. 1883-nji
ýylyň 23-nji dekabrynda rus harby ýolbaşçysy tarapyndan Mary Tekeleriň aksakgallary
bilen gepleşik geçirmek üçin iberlen kapitan M.Alyhanow-Awarski bu ýerden Mara
ugraýar. Magtymguly han hem ynuň bilen gitmäge göwünjeň bolupdyr.
Maryny ruslara boýun egdirmäge synanşýan Dykma serdaryň işleri hakynda
Marynyň käbir hanlarynyň O,Donowan ýazylan hatlardan ýene birisi
Alyhanowyň uly bolmadyk topary Tejen sebtinden Mara çenli bolan ýoly üç günde
geçipdir. Alyhanowyň toparynyň orta ýolda dabara bilen garşylanandygy hakda, Mary
töwereginde ony hormat bilen kabul edendikleri hakda 1884-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda
Güljemal hanyň obasynda tutuş aksakgallarynyň geňeşiniň bolsa «müňlerçe adam
gatnaşan halk baýramçylygy, umumy toýy, halk bagşylarynyň hem sazandalarynyň
ýaryşy, her dürli oýunlar hem at çapyşygy bilen uwtgaşandygy» hakda ýazylýar. Hemme
zat şeýle gülala-güllükmiş, mundan gowy edeýin diýbem edip boljak dälmiş. Arşiw
dokumentlerinde welin özi hakda hemişe hemme zady gülala-güllük edip ýazan we öz
işlerine uly many bermäge çalyşan Alyhanowyň ýatlamalaryndan başga beýle ajaýyp
görnüş barada gürrüň berilmeýär. Olam diňe itleriň üýrmesi, atlaryň kiňşemesi bilen
5
Myrat Annanepesow
S.Edebiýaty žurnaly 10/1989
goşulyp, Güljemal hanyň tutuş obasyny üznüksiz ýaň bilen dolduryp duran «bogaza
salnyp aýdylýan aýdymlar bilen dutaryň bir sydyrgyn düňňürdesi» hakda habar berýär.
Alyhanowyň şol geňeşde oltymatom hakynda Türkmen aksakgallaryna şeýleräk
häsýetde ýüzlenipdir: «Ahalyň baslyp alnandan soň geçen 3 ýylyň dowamynda
Marylylar akyllaryna aýlanmaga-a beýlede dursun, gaýta özleriniň eden-etdiklerini
talaňçylyklaryny
güýçlendiripdirler…Gökdepäniň
beren
sapagynyň
täzedigine
garamazdan, gyýnansagam, siz orslaryň parslar däldigini unudypsyňyz. Hiçbir güýçli
döwlet öz gapdalynda siziň bilen asla eljerşik etmez. Yne häzir şeýle bir pursat geldi,
Orsýet sizi haýal etmän, hokmany suratda ak patyşanyň raýatlygyna geçmeli diýphasap
edýär. Ýa-da siz ýene-de iki hepdeden rus goşunlaryny garşylamaga taýynlyk görmeli
bolarsyňyz. Yne, ikiden birini saýlaň-ýa parahat durmuşyň lezzeti, ýa-da rehimsiz
urş…aýallaryňza, çagalaryňyza nepsiňiz agyrasyn» diýpdir. Özüniň musulmanlara
degişlidigini aýdyp, yslam dininiň göz görtele heläkçilikli göreşi gadagan edýändigini,
ruslaryň musulmanlara rehminiň ýokdugyny we şm… aýdypdyr. Ynglisler hakynda
gürrüň edip, olaryň diňe boş wada berýändiklerini aýdypdyr, «rus goşunlary
gapdalyňyzda durka, olar nirden gelsin!» diýpdir. Sözüniň ahyrynda bolsa Alyhanow
eger Mary Türkmenleri öz maslahatyny diňlemeseler, olary ýeriň ýüzünden syýryp
taşlajakdyklaryny, urş bolsa, gaýtam begenjekdiklerini, sebäbi munuň täze çin/dereje,
syýlaglar, şöhrat getirjekdigini gümürtiksiz aýdypdyr.
Alyhanowyň sözleri Mary aksakgallaryna çuňňur täsir edipdir, ony pugta üns berip
diňläpdirler. Şondan soňra esasy maslahatçysy hökmünde Magtymguly han çykyş
edipdir, ol ýygnanlara Alyhanowyň maslahatyna gulak asmaga ündäpdir, soňra bolsa
Maryly Türkmenleriň Orsýetiň raýatlygyny kabul etmäge razylygyny, olaryň arzuisleglerini mälim edipdir. Hut şo günüň özünde ullukan kagyz haýyşnamanyň teksti
ýazylypdyr we geňeşe ýygnan aksakgallaryň diňe ýekejesinden özgesi oňa öz
möhirlerini basyp, gollaryny çekipdirler. 1884-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda
Marylylaryň wekilleri Aşgabada ugrapdyr. Haýyşnamada aksakgallar «siziň erkislegiňize
boýun syýnmaga»
razydygymyzy mälim edýäris
diýğ ýazypdyrlar,
parahatçylykly, gandökşüksiz boýun syýnmaga boýun bolupdyrlar. Olar Mara başlyk
bellenmegini, özleriniň ähli günälerini we kakabaş hereketleriniň bagyşlanmagyny
sorapdyrlar.
Şeýlelik bilen Mary Orsýetiň düzümine meýletin däl-de Alyhanowyň oltimatomy
esasynda mejbury ýagdaýda girdi. Oltimatom has täsirli bolar ýaly General Kamarowyň
baştutanlygynda Mara, patyşa goşunlarynyň topary ýollanýar. Bu goşuna Gajar hanyň
baş tutanlygynda 4 müň adamly çerikler ýüzbe-ýüz boýlar. 29-nji fewralda Gajar hanyň
6
Myrat Annanepesow
S.Edebiýaty žurnaly 10/1989
topary patyşa goşunlary bilen aç-açan çaknaşyga girýär, ýöne ilkinji garpyşmadan soň
derrew dargadylýar. Ykinji syýnanşyk 2-nji martdan, 3-nji marta geçilýän gije edilipdir
we ýene Türkmen çerikleriň şowsuzlygy bilen tamamlanypdyr. Ylatyň köpüsi Gajar hany
goldamandyr. Gajar hanyň özi we onuň egindeşleri tussag edilipdir, Mary ülkäniň
durmuşy bolsa parahatçylykly akyma gidipdir. Marynyň patyşa goşunlary tarapyndan
eýelenmegi şeýle ýagdaýda bolup geçipdir. Marynyň yýzy bilen basym günorta
Türkmenistanyň Ýolöten, Pendi Saragyt ýaly kiçiräk ýerleriň ilaty hem Orsýetiň
raýatlygyny kabul edipdirler.
Mary boýun egdirlenden soňra
Ynha, şunuň bilen biz eger öň Orsýetiň raýatlygyna geçirlen Maňgyşlyk Türkmenlerini
hasap etmesk, Türkmenistanyň Orsýete birikdirilmeginiň tas 20 ýyl (1869-1885) uzaga
çeken döwrüniň esasy tapgyrlaryna gyýsgajyk seredip geçdik.
Rus kril hatynda latynça geçirip, surat we
dokumentler bilen bezäp komputerde ýygan:
Taryh ylymlaryň kandidaty
A.Goli
7

Benzer belgeler

MAGTYMGULY DÜİPSİZ UMMAN

MAGTYMGULY DÜİPSİZ UMMAN Senden soñkulara ýädigär bolar.» Milli şahyrymyzyñ edebi mirasyny öwrenmek işi baryp Türkmenistan jemhuriýeti gurlan ýyllardan ýagny 1924-nji ýyldan bäri yýzy giderli dowam edip gelýär. Şol ilkinji...

Detaylı

Türkmeni Öwreniş Merkez Gökdepe t

Türkmeni Öwreniş Merkez Gökdepe t Nurberdi hanyň roly we onuň şüpheli ölümi Şol döwürde Gyzylarbadyň hany Sopy han, Börmäniň hökümdary Dykma serdar, bütin Ahalyň hany edilip saýlanan Nurberdi han täsirli rol oýnapdyrlar. Ahalyň han...

Detaylı

Gökdepe Tragedi1

Gökdepe Tragedi1 Myrat Annanepesow

Detaylı