demır ietmezçılıklı ganazlylyk

Transkript

demır ietmezçılıklı ganazlylyk
DEMIR ÝETMEZÇILIKLI GANAZLYLYK
Ýazan: Lukman
Penşenbe, 24 Maý 2012 20:00
Bütindünýa Saglygy goraýyş guramasynyň hasabatyna görä, dünýädäki adamlaryň 2
milliarddan gowragy ganazlykdan ejir çekýär. Ganazlygyň birnäçe görnüşleri bellidir. Bedende
demriň gorlarynyň azalmagynyňnetijesinde döreýän ganazlyga demir ýetmezçilikli ganazlygy
diýilýär. Bu ganazlygyň iň giň ýaýran görnüşidir.
Demir ýetmezçilikli ganazlygy barada giňişleýin gürrüňimiziň başynda demir mineralynyň
adam bedeni üçin örän ähmiýetidigini bellemek gerek. Beden ulgamlarynyň köpüsiniň
öýjükleriniň işlemeginde demir mineralynyň ornuny tutup biljek element ýokdur. Demriň
okislenme we dikelme ukyby onuň biologik taýdan ähmiýetini artdyrýar. Demriň şeýle ukyby
onuň beden dokumalarynyň dem alyş prosessine gatnaşmagyny üpjün edýär. Bedeniň
agramynyň diňe 0, 0065%-ni demir tutýar. Agramy 70 kg deň bolan erkek adamyň bedeninde
3,5 g demir bolýar. Agramy 60 kg barabar aýal maşgalanyň bedeninde bolsa 2,1 g demir
bardyr. Demir birleşmeleri dürli gurluşly bolýar. Olar özboluşly funksional işjeňlige eýe bolup,
wajyp biologik orny eýeleýär. Düzüminde demir bar bolan birleşmeleriň iň esasylaryna
gemoproteinler (demir bilen bagly beloklar), käbir fermentler, ferritin, gemosiderin, transferrin
degişlidir. Demir birleşmeleriň düzümine girip, bedende şeýle ýerleşdirilendir:
Gem (gandaky) demir-70%;
demir deposy-18% ( öýjükleriň içindäki ferritin we gemosiderin görnüşindäki
toplanmalar);
sarp edilýän demir-12% (myşsalardaky belogyň demir bilen birleşmesi we düzümi
demirli fermentler);
transportirlenilýän demir (transferrin bilen bagly demir).
Demir ýetmezçilikli ganazlygyň sebäpleri
Demir ýetmezçilikli ganazlygy demriň dürli keseller we fiziologik ýagdaýlar zerarly artykmaç
sarp edilmegi sebäpli döreýär. Uly adamlarda demir ýetmezçilikli ganazlygy dürli sebäplerden
dörän gan akmalaryň (ýatgydan gan akmasy, iýmit siňdiriş ulgamyndaky gan akma, käte burun
gan akmasy, öýken, böwrek gan akmalary) netijesinde ýüze çykýar. Donorlarda (gan tabşyrýan adamlar) ýygy-ýygydan gan tabşyranlarynda, aýallarda aýbaşy döwründe köp gan giden
ýagdaýynda, dürli operasiýalary geçiren näsaglarda gan akma zerarly demir ýetmezçilikli
ganazlygy ýygy duş gelýär. Bulardan başga-da, demir ýetmezçilikli ganazlygy dowamly enterit,
1/4
DEMIR ÝETMEZÇILIKLI GANAZLYLYK
Ýazan: Lukman
Penşenbe, 24 Maý 2012 20:00
içege amiloidozy ýaly keseller, gurçuklama keseli, göwrelilik, çaga emdirme, wegitariançylyk (et
iýmezlik) zerarly ýüze çykyp bilýär.
Demir ýetmezçilikli ganazlygyň haýsy sebäpden dörändigine garamazdan, ganda demriň
kadaly mukdarynyň dikeldilmegi örän haýal amala aşýar. Bu ýagdaý immunitetiň peselmegine,
umumy gowşaklyga eltýär. Netijede adam bedeni birgiden kesellere garşy göreşmäge ukybyny
ýitirýär.
Demir ýetmezçilikli ganazlygyň kliniki alamatlary
Ganazlylygyň derejesiniň birnäçe tapgyrlary bellenilýär:
1.
Kliniki alamatlary bolmadyk ganazlyk.
2.
Alamatlary aram ýüze çykýan ganazlyk (umumy gowşaklyk, aram-aram döreýän
başaýlanma).
3.
Aýdyň alamatlary bolan ganazlyk (ýüregiň çalt urmagy, demgysma, başaýlanma,
deriniň we saçlaryň guraklygy, öçügsiligi, dyrnaklaryň döwülmegi, ünsüň dagynyklygy).
Demir ýetmezçilikli ganazlykdan ejir çekýän näsaglary myşsa gowşaklygy biynjalyk edýär. Bu
kliniki alamat demir ýetmezçilikli ganazlyga mahsusdyr. Mundan başga-da, demir ýetmezçilikli
ganazlykda iýmit siňdiriş kanalynyň nemli bardasynyň şikeslenmesi, işdäsizlik, turşy, ajy, duzly
iýmite isleg döreýär. Demir ýetmezçilikli ganazlygyň ýiti döwründe hek, däneliler ýaly önümleri
iýmek islegi biynjalyk edýär, näsagyň buz iýesi gelýär, adaty bolmadyk tagamlary iýmek islegi
döreýär.
Demir ýetmezçilikli ganazlygynyň anyklanylyşy
Demir ýetmezçilikli ganazlygy we onuň döremeginiň sebäplerini anyklamak üçin, näsagy doly
kliniki barlaglardan (ganyň umumy we biohimiki barlaglary) geçirmeli. Ganyň umumy barlagynda
gemoglobiniyň , eritrositleriň, trombositleriň, retikulositleriň mukdary kesgitlenilýär, eritrositleriň
gurluşy öwrenilýär. Kadada aýallarda gemoglobiniň mukdary 120g/l, erkek adamlarda bolsa
130g/l deňdir. Kiçi çagalarda we göwreli aýallarda ol 110g/l barabardyr. Ganyň biohimiki
2/4
DEMIR ÝETMEZÇILIKLI GANAZLYLYK
Ýazan: Lukman
Penşenbe, 24 Maý 2012 20:00
barlagynda bolsa demriň, blirubiniň derejesi anyklanylýar.
Aýallarda demir ýetmezçilikli ganazlygy anyklamazdan öň, ýatgynyň we onuň ösüntgileriniň
keselleriniň, aýbaşy bozulmalarynyň ýoklugyny kesgitlemek maksady bilen hökman ginekolog
lukmana ýüz tutmalydyr. Erkek adamlar proktologa we urologa ýüz tutmaly we ganjaryp durian
babasyl keseliniň, erkeklik jyns agzalarynyň keselleriniň ýokdugyna göz ýetirmeli.
Ýokarda agzalan barlag usullary bilen bir hatarda demir ýetmezçilkli ganazlygyny
anyklamakda rentgenologik we endoskopik barlaglary ulanylýar. Bu usullar, esasan, aşgazanda
we içegelerde başlaryň we çişleriň, polipleriň, Kronyň keseliniň, baş keselleriniň ýoklugyny
ýa-da barlygyny kesgitlemek üçin ulanylýar. Öýkenden gan gelmäni anyklamak üçin
rentgenografiýa we tomografiýa edilýär, gakylyk barlanylýar. Böwregiň kesellerini anyklamak
üçin peşewiň barlagy geçirilýär.
Demir ýetmezçilikli ganazlygyň bejergisi
Demir ýetmezçilikli ganazlygyna sezewar bolan näsaglar maşgala lukmanyna, terapewte,
gematologa ýüz tutmalydyr. Demir ýetmezçilikli ganazlyk anyklanylandan soň, onuň
döremeginiň sebäbini aradan aýyrmak zerurdyr. Bejergi esaslandyrylan, hemmetaraplaýyn,
ganazlygy alamat hökmünde ýok etmek bilen çäklendirilmän, eýsem, demir ýetmezçiligini
aradan aýyrmaga we bedende onuň gorlarynyň öwezini doldurmaga gönükdirilen bolmalydyr.
Demir ýetmezçilikli ganazlygy bar bolan adamlara dürli iýmiti öz içine alýan berhiz maslahat
berilýär. Şeýle berhiziň düzüminde göle eti, bagyr ýaly et önümleri, kösükliler, nohut, ysmanak,
nar, kişmiş, greçka ýaly önümler girýär. Mundan başga-da, kişde, şugundyr, çowdary çöregini,
pisse iýmek maslahat berilýär. Elbetde, düzümi demre baý bolan önümleri iýmek ganazlyga
garşy göreşmekde uly ähmiýete eýedir, emma diňe berhiz bilen ganazlygy bejerip bolmaýar.
Näsag kuwwatlylygy ýokary bolan önümleri näçe köp iýse-de, içegede bir gije-gündiziň
dowamynda demriň diňe 3-5 mg özleşdirilýär. Şoňa görä-de, demir derman serişdelerini kabul
etmeli bolýar. Häzirki wagtda bejergi üçin düzümi dürli mukdardaky demirli, goşmaça
komponentli, dürli bejeriş häsiýetli, dürli görnüşli derman serişdeler ulanylýar.
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy bejergi üçin düzüminde iki walentli, ýeňil özleşýän
demir bar bolan derman serişdelerini ulanmagy maslahat berýär. Bir gije-gündiziň dowamynda
uly adamyň bedeninde demriň mukdary 2 mg/kg deň bolmaly. Umumy bejerginiň dowamlylygy 3
aýdan az bolmaly däl (käte 4-6 aý dowam etmeli). Bejergi üçin ulanylýan demir derman
serişdesiniň zyýanly täsirleri näçe az bolsa, şonça-da peýdalydyr. Şeýle derman serişdesiniň
3/4
DEMIR ÝETMEZÇILIKLI GANAZLYLYK
Ýazan: Lukman
Penşenbe, 24 Maý 2012 20:00
kabul ediliş tertibi hem çylşyrymly bolmaly däldir.
Häzirki döwürde demir ýetmezçilikli ganazlygyny bejermekde Žektofer, Konferon, Maltofer,
Sorbifer durules, Tardiferon, Feramid, Ferro-gradumet, Ferropleks, Ferroseron, Ferrumlek,
Totema ýaly derman serişdeleri giňden ulanylýar.
Demir ýetmezçilik ganazlygyň bejergisini lukman bilen maslahatlaşman, degişli
barlaglardan geçmän özbaşdak geçirmekden gaça duruň.
Demir ýetmezçilikli ganazlygyň öňüni almak
Ýokarda belleýşimiz ýaly, diňe berhiz bilen ganazlygy bejermek mümkin däl. Emma demir
ýetmezçilikli ganazlygy döremez ýaly berhiz tutmagyň ähmiýeti örän uludyr. Ganazlygyň öňüni
almak maksady bilen gündeki iýmitiňize üns bermeli. Onuň düzüminde hökman demir
bolmalydyr. Iýmitiňizdäki demir oňat özleşdiriler ýaly, onuň düzüminde askorbin turşulygynyň
bolmagyna üns beriň. Askorbin turşulygy ýaly maddalar demriň içege diwarjyklaryna siňmegine
ýardam berýär (itburun, ýer tudanasy, ýemşen (boýaryşnik), gara we gyzyl smorodina, zirk we
ş. m.). Demir ýetmezçilikli ganazlygyň öňüni almak üçin çaý, kofe, kola ýaly düzümi taninli,
kofeinli içgileri içmekden gaça durmalydyr, sebäbi olar demriň bedende özleşdirilmeginde
kynçylyk döredýär.
Sizi gowşaklyk, ukuçyllyk, gözüňiziň öňünde döreýän "ýalpyldylar", başaýlanma,
gaharjaňlyk, işdäsizlik ýaly alamatlar biynjalyk edip başlasa, haýal etmän lukmana ýüz tutuň we
laborator barlaglardan geçiň. Barlag üçin gany, peşewi ajöze tabşyrmalydygyny unutmaň.
Iýmitlenişiňize üns berip, gündeki iýmitiňiziň düzüminde demir bar bolan önümleri goşmagy
endik ediniň.
4/4

Benzer belgeler

ganazlylyk - Saglyk.info

ganazlylyk - Saglyk.info ► Ganazlylygyň öňüni almak maksady bilen uzak wagtyň dowamyda 50-100 ml üzüm şerabyny ýa-da ter zemlýanikanyň, garalynyň, gara smorodinanyň, üljäniň, malinanyň şiresini

Detaylı

BAP 9 - Saglyk

BAP 9 - Saglyk ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär.

Detaylı

howplumy ia-da howpsuz?

howplumy ia-da howpsuz? laborator barlaglardan geçiň. Barlag üçin gany, peşewi ajöze tabşyrmalydygyny unutmaň. Iýmitlenişiňize üns berip, gündeki iýmitiňiziň düzüminde demir bar bolan önümleri goşmagy

Detaylı