ganazlylyk - Saglyk.info

Transkript

ganazlylyk - Saglyk.info
GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 21 Oktýabr 2013 17:00
Ganazlylyk (anemiýa) – ganda gemoglobiniň mukdarynyň peselmegi bilen häsiýetlendirilýän
keseldir.
Gyzyl gan öýjükleri bolan eritrositlerde saklanýan gemoglobin belogy, ýaşaýyş hadysalary
üçin wajyp bolan kislorody bedeniň ähli agzalaryna we dokumalaryna ýetirýändir. Gemoglobiniň
mukdary peselende beden öýjükleri kislorod ýetmezçiligini duýýarlar. Bu bolsa bedeniň işine
ýaramaz täsir edýär. Ganazlylyk özbaşdak kesel ýa-da beýleki keselleriň alamaty höküminde
hem ýüze çykyp bilýändir.
Ganazlylygyň sebäpleri
Ganazlylygyň sebäpleri dürli faktorlara bagly bolup, şoňa laýyklykda onuň birnäçe görnüşleri
hem kesgitlenilýändir.
1. Demir ýetmezçilikli ganazlylyk, ganazlylyk ýagdaýlarynyň 90%-ni düzüp, ol has ýygy duş
gelýändir. Onuň sebäpleri aşakdaky ýagdaýlara bagly bolup biler:
► bedende ýüze çykan ýiti we dowamly ganakmalar;
► iýmitde demir ýetmezçiligi;
► aşgazan-içege ulgamyň işiniň bozulmalary;
► göwrelilik we çaga emdirilýän döwründe hem-de ýetginjeklik döwrüne mahsus beden
1/6
GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 21 Oktýabr 2013 17:00
ösüşiniň tizleşme döwründe demriň köp sarp edilmegi.
2. Foliý turşulygy ýetmezçilikli ganazlylygyň sebäpleri:
► iýmitde witaminleriň ýetmezçiligi;
► aşgazanyň keselleri;
► inçe içegäniň keselleri;
► bagyr keselleri;
► göwrelilik we çagalyk döwründe witaminlere bolan ýokary isleg;
► gelmintoz keseli.
Ganazlylyk ýatgynyň, aşgazanyň, ýogyn içegäniň, böwregiň, gan ulgamynyň howply täze
döremelerinde hem esasy alamatlaryň biri höküminde ýüze çykyp biler.
Ganazlylygyň alamatlary
Ganazlylygyň ähli görnüşlerine mahsus umumy alamatlara deriniň solgunlylygy, başaýlanma,
umumy gowşaklyk, kadaly fiziki agram salnanda demgysmanyň ýüze çykmagy, ýüregiň çalt
urmagy degişli edilip bilner.
2/6
GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 21 Oktýabr 2013 17:00
Demir ýetmezçilikli we foliý ýetmezçilikli ganazlylykda umumy alamatlardan başga-da, bu
görnüşe mahsus özboluşly alamatlar synlanyp bilner:
► dyrnaklaryň döwülmegi we olaryň şekiliniň üýtgemegi;
► saçyň düşmegi;
► deriniň guraklygy;
► dilde alawlama hadysasynyň (glossit) döremegi;
► tagam duýujylygyň üýtgemegi.
Bedende howply täze döremeler netijesinde döreýän ganazlylygyň alamatlaryna deriniň
saralmagy, dalagyň ulalmagy, diş etiniň ganjarmagy, burundan gan akmalar, deride döreýän
gan öýmeler degişli edilip bilner.
Ganyň umumy barlaglarynyň netijeleri gemoglobiniň bolmaly möçberinden pesligini görkezen
halatynda, lukmana ýüz tutup, ganazlygyň sebäbini anyklamak we degişli bejergini almak
hökmandyr.
Anyklaýyş çäreleri
Ganazlylyga şübhe dörände şu anyklaýyş barlaglardan geçmek wajypdyr:
► ganyň umumy giňişleýin barlagy;
3/6
GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 21 Oktýabr 2013 17:00
► gandaky demriň derejesiniň barlagy;
► süňk ýiliginiň düzüm böleginiň barlagy.
Ganazlylygyň sebäbi bolup biljek ýa-da onuň bilen utgaşykda geçýän keselleri anyklamak
üçin goşmaça barlaglary geçirmelidir:
► aşgazanyň we içegeleriň endoskopiýa barlagy;
► garyn boşlugyndaky agzalaryň ultrases barlagy.
Ganazlylygyň bejergisi
Ýygy duş gelýän ganazlylygyň bejergisi gan ýitirmegiň sebäbini aradan aýyrma, demir
ýetmezçiliginiň öwezini dolup biljek iýmit bilen iýmitlenme, demir saklaýan derman serişdeleriniň
we witaminleriň toplumynyň bellenilmegi ýaly çäreleri jemläp biler. Gan ýitirmegiň çeşmesini
adaty usullar bilen bejerip bolmadyk ýagdaýynda, hirurgik usullar ulanylýandyr.
Ganazlylykda maslahat berilýän berhiz
Demir ýetmezçilikli ganazlylygyň bejergisi üçin düzümi ýeňil özleşdirilýän demire, beloga, C
witaminine baý bolan ýokumly iýmit zerurdyr. Şeýle iýmite ilki bilen et we et önümleri degişli
edilýändir. Ösümlikleriň düzüminde hem demir az bolmasa-da, ol içegelerden gana doly
mukdarda geçmäge ukyply däldir. Miwelerden almany, armydy iýmek maslahat berilýändir. Süýt
önümleri demre baý däldirler.
4/6
GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 21 Oktýabr 2013 17:00
Berhiz saklananda, süýjüligiň çeşmesi höküminde ary balyny ulanmak peýdalydyr. Ak üzüm
şerabynyň, demriň içegelerden gana siňmegine oňaýly täsir edýändigini hem bellemelidir.
Esasy naharlaryň ýany bilen et we et önümlerini iýmek maslahat berilýär. Olar düzümi demre
baý bolan ýer almasy, çörek, dänelilerden taýynlanan tagamlar ýaly önümlerdäki demriň oňat
özleşdirilmegine ýardam berýändir. Sitrus miweleri, turşumtyk miweler we iýmişler, itburunyň
demlemesi hem şeýle häsiýete eýedir.
Berhiz bellenilende çaý içmezlik maslahat berilýär. Çaýyň düzümindäki tanin, ondan
başga-da, düzümi şäwel turşulykly ýa-da aşgarlaýjy maddaly ysmanak, şäwel, yşgyn, behi, kizil,
hurma, şokolad, kakao ýaly iýmit önümleri demiriň özleşdirilmegini peseldýärler. Şol sebäpli
irimçik üwelen we kepek garylan undan taýýarlanan çöregi hem az iýmek maslahat berilýändir.
Berhiz iýmitiňiziň düzüminde belogyň mukdary, etiň we balygyň hasabyna 10-20%
artdyrylmalydyr. Ýagyň dürli görnüşleri bolsa 5-10% azaldylmalydyr. Bir gije-gündiziň
dowamynda witamin-mineral toplumly gerdejikleriň 1-2 sanysyny kabul etmek maslahat
berilýändir.
Derman serişdeleri bilen bejergi
Açyk bildirýän ganazlylykda demir ýetmezçiliginiň öwezini diňe bir berhiz bilen däl-de, eýsem
demir saklaýan derman serişdeleriniň kömegi bilen dolup bolar.
Dermanlyk serişdeleri diňe lukman tarapyndan bellenilip, onuň gözegçiligi bilen kabul
edilmelidir. Derman serişdeleri adamynyň ýaş we beden aýratynlyklary, ganazlylygyň derejesi
göz öňünde tutulyp bellenilmelidir.
Amaly lukmançylykda bejergi üçin demir saklaýan derman serişdelerinden aktiferrin,
gemoferprolongatum, gemofer, ferrogradumet, ferronal, heferol, witamin serişdelerinden
siankobalamin (B 12 witamini), foliý turşulygy giňden ulanylýandyr. Utgaşdyrylan serişdelerden
witrum forte, elewit, globeks, nurifer, ýewrofer, pregnawit, sorbiferdurules, ferretab komp,
ferro-folgamma ýaly serişdeleri maslahat berip bolýandyr. Sanjym görnüşde ulanylýan demriň
serişdelerinden ferrum-lek, fersinol, ferkaýl dermanlary bellemek bolýandyr. Göwrelilik
döwründe ýygy duş gelýän gan azlylygyň öňüni almak maksady bilen, ýörite işlenilip düzülen
gollanmalara laýyklykda, göwreliligiň 12 hepdelik möhletine çenli günde 60mg. demriň
5/6
GANAZLYLYK: DOGRY IÝMITLENMÄNIŇ ÄHMIÝETI WE DERMAN SERIŞDELERI
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 21 Oktýabr 2013 17:00
serişdesini we 40mg. foliý turşylygyny kabul etmek hökmany geçirilmeli çäreleriň hataryna
girýändir.
Halk lukmançylygyna ýüzlenemizde hem, ganazlylygyň bejergisi üçin ençeme peýdaly
tebigy serişdeleri ulanmaga mümkinçilik döreýär:
► Bal arylarynyň ýygnan şepbiginiň (propolis) 1-2 nahar çemçesini ýyly suw bilen garyp,
günüň dowamynda içmeli;
► 0,15 g mumiýa togalajygyny ýarym bulgur gaýnadylyp sowadylan suwda eretmeli we 20 gün
ajöze içmeli;
► Ganazlylygyň öňüni almak maksady bilen uzak wagtyň dowamyda 50-100 ml üzüm
şerabyny ýa-da ter zemlýanikanyň, garalynyň, gara smorodinanyň, üljäniň, malinanyň şiresini
kabul etmeli;
► Iýmitiň düzüminde sogan, sarymsak, hren (iri ýaprakly ajy ösümlik), itburun miweleri, limon,
üzüm, şugundyr bolmalydyr;
► Behiniň ýa-da naryň suwuny 3/2 mukdarda ary baly bilen garyp, 2 hepdäniň dowamynda 50
g mukdarda, günde 2 gezek içmelidir.
6/6

Benzer belgeler

BAP 9 - Saglyk

BAP 9 - Saglyk baý bolan ýer almasy, çörek, dänelilerden taýynlanan tagamlar ýaly önümlerdäki demriň oňat özleşdirilmegine ýardam berýändir. Sitrus miweleri, turşumtyk miweler we iýmişler, itburunyň demlemesi hem...

Detaylı

(kontrasepsıýa) barada näme bılmelı?

(kontrasepsıýa) barada näme bılmelı? üçin wajyp bolan kislorody bedeniň ähli agzalaryna we dokumalaryna ýetirýändir. Gemoglobiniň mukdary peselende beden öýjükleri kislorod ýetmezçiligini duýýarlar. Bu bolsa bedeniň işine ýaramaz täsi...

Detaylı

demır ietmezçılıklı ganazlylyk

demır ietmezçılıklı ganazlylyk ganazlygy alamat hökmünde ýok etmek bilen çäklendirilmän, eýsem, demir ýetmezçiligini aradan aýyrmaga we bedende onuň gorlarynyň öwezini doldurmaga gönükdirilen bolmalydyr. Demir  ýetmezçilikli gan...

Detaylı

söýgı hyjuwyny oýandyrýan serışdeler

söýgı hyjuwyny oýandyrýan serışdeler ekenler. Olaryň pikirine görä, ýowşan jyns gatnaşygyna oňaýly täsir edipdir.

Detaylı