Karz Depder – Banklar ucin

Transkript

Karz Depder – Banklar ucin
Karz Depder – Banklar üçin
kompýuter programmasy
Atamyrat Hezretgulyýew
Gorkut, 2007
Bu ylmy iş Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzda
ylmyň we tehnikanyň derwaýys ugurlaryny ösdürmek
boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilýän iň oňat ylmy
işleriň bäsleşigine hödürlenýär.
1
Giriş
Ýurdymyzda jübi telefonlarynyň sanlary gün-günden köpelýär. GSM jübi
telefon torynda telefonlar biri-birleri arasynda gysga hat ýazyp we kabul edip
bilýärler. Bu hyzmatyň adyna SMS – ýagny Short Message Service (Gysga Hat
Hyzmaty) diýilýär. SMS ibermek tiz we arzan bolany üçin daşary ýurtlarda her
ýerlerde giňden ulanylmaga başlady. Meselem mekdep okuwçysy sapaga
gelmese, mekdepdäki kompýuter ulgam okuwçynyň ene-atasyna SMS iberýär
we habardar edýär. Ýada telewizor kanallary SMS arkaly ses berişlik, ýaryşlar
geçirýärler. Öýlerdäki ýa-da awtomobillerdäki goraýyş ulgamlary gapy ýa-da
penjire açylan wagtynda eýesine SMS iberýär.
MTC (Öňki BCTI)-den başga täzelikde Türkmenistanyň Aragatnaşyk
ministirligine degişli Altyn Asyr jübi telefon operatory hem hyzmat bermäge
başlady we netijede jübi telefonlary halkymyz üçin has elýeterli we arzan boldy,
jübi telefon ulanýanlaryň sany köpeldi.
SMS ibermek arzan, kabul etmek mugt. Şeyle ulgamlary ýasamak hem
arzan hem tiz, gymmat bahaly enjamlary satyn almak gerek däl. Bir ýönekeý
kompýuter, bir ýönekeý jübi telefony we bir-birini baglamak üçin bir
enjam/kabel ýeterlik.
Türkmenistanda SMS-li işleýän sistemalary ýasamak we işletmek üçin ýer
köp, ýöne biz birinji bilen banklardan başladyk. Banklaryň müşderileri köp,
müşderileriň hemmesine her aýda göterim bergileriniň näçe manatdygyny
bildirmek kyn iş. Her bank 1000-e golaý müşderilerine ýeke-ýeke telefon etmeli
ýa-da hat ýazmaly. Kompýuterden hemmesine SMS iberseler, iki tarapada
peýdaly bolýar. Bank işgärleriniň sarp edýän wagty we telefon üçin çykdaýjylar
azalýar. Müşderi üçin peýdasy bolsa, hat jübi telefonynda özi pozýança saklanýar
(soňradan okamak islese), bank işgärleriniň telefon etmeýänligi üçin birahat hem
bolmaýar, gürleşeni üçin pul hem tölemeýär.
Bank işgärleri bilen gürrüňdeşlikden soňra olaryň meselelerini cözjek,
2
işlerini aňsatlaşdyrjak ulgamyň üstünde işlemäge başladyk. Taýýar bolanyndan
soňra birinji bilen Türkmen Döwlet Tajirçilik “Türkmenbaşy” bankynyň
Köpetdag şahamçasyna ornaşdyrdyk, işledip gördük we barlagdan geçirdik.
Biziň programmamyz bankda öňden ulanylýan kompýuter programmasy bilen
sazlaşykda
işleýär.
Bank
işgärleriniň
ählisiniň
şol
bir
wagtda
öz
kompýuterlerinde işläp biler ýaly maglumatlar binýady işlenip düzüldi.
Biz bu ylmy işde ulgamyň nähili ýasalşyny we şuňa meňzeş zatlary nädip
ýasamalydygyny
düşündirmekçi.
Kompýuter
programmirlemek
bilen
gyzyklanýan ýaşlar, talyplar, okuwçylar we işgärler üçin nähili edilýänligini we
gazanan tejribelerimizi paýlaşmak biziň esasy maksadymyz. Ýaşlary özbaşdak
ylym öwrenmäge, üstünde işlemäge we täze pikirleri bilen täze taslamalar
döretmäge höweslendirer diýip umyt edýärin.
TDT
“Türkmenbaşy”
bankynyň
“Köpetdag”
şahamçasynyň
dolandyryjysyna we bankyň işgärlerine öz minnetdarlygymy bildirýärin.
3
Awtor barada gysgaça
Atamyrat Hezretgulyýew, 1989-nji ýylda Aşgabat şäherinde eneden
dogylan. Mekdep döwründe informatika ugurdan Döwlet we Halkara
bäsleşikleriň birnäçesine gatnaşyp üstünlikli çykyş eden. Türkmenistanyň Bilim
Ministirligi tarapyndan mekdep okuwçylary arasynda her ýyl geçirilýän Döwlet
bäsleşiklerde informatika ugurdan 3 gezek, taslama bäsleşiginde 2 gezek 1-nji
orny eýelän.
Gatnaşan
Halkara bäsleşikleri
we alan
medallary: ICPO1 2004
(Türkmenistan) Altyn medal, Infomatrix 2006 (Ruminiýa) Altyn medal, IOI2
2005 (Polşa) Bürünç medal, IOI2006 (Meksiko) Altyn medal.
Häzir
Singapur
döwledinde
yerleýän
Nanyang
Tehnologiki
Uniwersitediniň Kompýuter Ylymy bölüminde okuwyny dowam etdirýär.
Habarlaşmak ucin E-mail salgysy [email protected].
Web salgysy http://www.tmolympiad.org/home/atamyrat/
Copyright © Atamyrat Hezretgulyýew 2007
Ähli hukuklar goralgydyr.3
1 International Computer Project Olympiad
2 International Olympiad in Informatics
3 “Kanun we Hukuklar barada bellikler” bolumine seredin.
4
Karz Depderi ulgamy
Öň hem belleýşimiz ýaly, Karz Depderi ulgamynyň esasy maksady bankyň
we karz alyjylarynyň işlerini has tiz, effektiw, aňsat we arzan ýerine ýetirmekleri
üçin mümkinçilik döretmek. Aşakdaky bölümde bank işgärleriniň etmeli işleri
we kynçylyklary barada aýtmakçy. Soňraky bölümde bolsa öz işläp düzen
çözüwimizi we peýdalaryny düşündirmekçi.
Bankyň karz bölümi nähili işleýär?
Karz almak isleýän raýatlar, telekeçiler ýa-da guramalar arza bilen banka
ýüz tutýarlar, gerek pulyň möçberi, maksady we möhledi anyk görkezilyär. Bank
işgärleri karz alyjynyň arzasyna, gelýän girdeýjilerine, ätiýaçlyk üçin goýýan
girewiniň ýagdaýyna we s.m. seredýärler we karz toparynyn netijesine görä karz
pul berýärler. Karzlaryň möhledi karzyň görnüşine görä kesgitlenilýär, köplenç
1-2 ýyl möhlet bilen berilýär. Karz alyjy karzyny doly ýapýança her aýda esasy
bergisiniň daşyndan hasaplanan göterim bergisini töleýär.
Bank her aýyň 21-nden başlap aýyň ahyryna çenli göterim bergilerini
çöpleýär. Bankyň umumy girdeýjisiniň 60-70% karzlardan gelýän girdeýji
düzýär. Meselem bir müşderi ýyllyk 18% göterim bilen 20 mln. manat karz alan
bolsa we 18mln esasy bergisi galan bolsa, onda ol karz alyjynyň göterim bergisi
aşakdaky ýaly hasaplanýar.
Galan esasy bergi: 18,000,000 manat.
Yyllyk göterim: 18%
365 gün üçin göterim bergisi: 3,240,000 manat. ( = 18,000,000 * 18 / 100)
1 aý üçin: 266,301 manat. ( = 3,240,000 / 365 * 31)
5
Bu mysaldaky karz alyjy her aýyň 21-nden soňra aýyň ahyryna çenli esasy
bergisiniň daşyndan 266 müň manat göterim bergisini tölemeli.
Ortaça alanyňda her bankda 500-1000 sany karz alyjy bolýar, uly
banklarda bu san has köp. Bank işgärleri hemme müşderilere her aýda göterim
bergileriniň näçedigini habar bermeli, ýatlatmaly we tölap-tölemedigini
yzarlamaly. Müşderileriň sany köp bolany üçin her hili kynçylyklar ýüze çykýar.
Käbir karz alyja habar berilmän galsa, käbirine 2-3 gezek telefon edilip birahat
edilýän wagty bolýar. Karz alyjy bir aýlyk bergilerini töländen soňra telefon
edilmesi hem käte göýberilýän ýalňyşlyklaryň biri.
Ýokarda agzalan meseleleriň hemmesi bank işgärleri öz aralarynda
maglumat alyp-bermeginiň kynlygy sebäpli. Her işgär kimlere habar berenini,
kimleriň tölänini bir depdere bellik etsede kyn, beýleki işgärler bir-birleriniň
depderindäki ýazgylary göçürip almaly. Umumy bir depder tutylsa köp zat
aňsatlaşýar, ýöne bir işgär işini bolýança beýleki oňa garaşmaly. 3 işgär şol bir
wagtda umumy depderi ulanyp bilmeýär.
Ikinji mesele bolsa, 1000 adama telefon etmegiň köp wagt alyjy, ýürege
düşgünç we çykdaýjyly işdigi.
Karz Depderi näme?
Ýokardaky kynçylyklar we bankyň öz teklipleri göz öňünde tutylyp
ulgamyň spesifikasiýalary, etmeli işleri we nähili ulanmalydygy işlenip düzüldi.
Çözüwimiziň esasy 4 aýratynlygy bar.
1. Maglumatlar umumy bir ýerde saklanýar. Her işgäriň özüne degişli
maglumatlar binýady ýok, hemme zat umumy bir ýerde saklanýar.
Maglumatlaryň bir ýerde durmagy işgärlere “iň täze” maglumady elýeterli
edýär. Diňe merkezde saklýanlygy üçin, maglumatlary goramak, ätiýaçlyk
nusgasyny almak hem aňsat.
6
2. Şol bir wagtda köp ulanyjy goldawy. Bank işgärleri her haýsy öz
kompýuterlerinde öz başdak işläp bilmeli. Bir işgäriň giren täze
maglumady beýlekilere şol wagtda iberilmeli.
3. Bankyň ulanýan programmasy bilen sazlaşyk. Karz alyjylaryň her aýda
tölemeli mukdary we tölap-tölemedigi ýaly maglumatlary elde girmeli
dälde, bankyň öňki ulanýan ulgamyndan awtomatiki almaly, sazlaşykda
işlemeli.
4. SMS arkaly ýatlatmak. Karz alyjylaryň hemmesiniň jübi telefonlaryna
SMS iberilmeli we ýazan jogaplaryny kabul edip, ulgamyň ýadynda
saklamaly.
Işlemäge başlamakdan öň öňümizde goýan maksadymyz : Ýokary hilli,
peýdaly önüm taýýarlamak we hyzmatlarymyz bilen ulanyjylarymyzyň
göwnünden turmak. Maksadymyza üstünlikli ýetmek üçin aşakdaky ýörelgeleri
taýýarladyk we şolara görä hereket etmäge synanyşdyk.
●
Ulgam etmeli işlerini doly we dogry ýerine ýetirmeli.
●
Ulanmak we öwrenmek aňsat bolmaly.
●
Döwrebap standartlara görä taýýarlanmaly.
●
Bankyň önki ulgamyna hiç hili zyýan ýetirmeli dal.
●
Öň taýýar işlerden köp peýdalanmaly.
●
Gerekli enjamlaryň bahasy mümkin boldygyça arzan bolmaly.
●
Hemme zady kanuna laýyk etmeli. (Awtorlyk hukuklara sarpa goýmaly)
●
Doly dokumentasiýa etmeli.
7
Ulanylan tehnologiýalar, standartlar we programmalar
Bu bölümde ulgamy ýasamak üçin ulanylan tehnologiýalar, standartlar, enjamlar, programmalar we kitaphanalar bilen gysgaça tanyşdyrylar. Tehnologiýalar barada umumy maglumat, esasy konseptler, olaryň ulanylýan ýerleri, nähili ulanylyşy we has köp maglumat üçin edebiýatlaryň salgysy beriler. Bu bölümdäki ýazgylar Karz Depderi ulgamyny doly düşünmek üçin ulanylan tehnologiýalar bilen tanyşdyrmak maksady bilen ýazyldy. Okyjy ýeterlik tejribesi bar bolan bölümlerini okaman geçip biler.
2.1 bölümde GSM standarty we telefonlary barada umumy maglumat, SMS­iň görnüşleri we konseptleriň düşündirişi, AT kommandalary we HyperTerminal programma arkaly AT kommandalaryny telefona ibermek barada ýazylan. Ulgamda ulanylan Gsmlib atly C++ kitaphanasy bilen tanyşdyrylýar we mysallar berilýär.
Bluetooth bölüminde telefon bilen kompýuteri baglamak üçin ulanylýan enjam barada, näme üçin kabel dälde Bluetooth saýlanlygymyz barada düşündirilýär we telefon bilen kompýuterin nähili baglanylyşy görkezilýär.
Soňraky iki bölüm (XML we XML­RPC) bir­birleri bilen baglanşykly. Şu wagt giňden ulanylýan maglumat formady bolan XML bilen tanyşdyrylýar we GLib kitaphanasyndaky XML bilen işleýän funksiýalaryň ulanylyşyna mysallar berilýär. 8
XML­RPC bölümi bolsa Remote Procedure Call konseptini düşündirýär, XML­RPC protokoly, XmlRpc++ atly C++ kitaphanasy we onyň ulanylyşy bilen tanyşdyrýar.
Uly maglumatlary az ýer tutar ýaly gysmak we soňradan öňküsi ýaly açmak mümkin. Zlib atly maglumatlary gysýan we açyan C kitaphanasy barada 2.5 bölümde degip geçýäris.
2.6 bölümde grafiki interfeýs ýasamak üçin ýollar, olaryň gowy we erbet taraplary sanalýar. Grafiki interfeýs ýasalýan GTK+ bilen 2.7 bölümde tanyşarys.
9
GSM (Global System for Mobile Communications)
GSM jübi telefonlary üçin dünýäde iň köp ulanylýan
standart. Jemi 212 Döwletden 2 milliarda golaý adam
ulanýar. Türkmenistan Döwledimizde şu wagt MTS
200,000 sany, Altyn Asyr GSM bolsa 50,000 sany (gysga wagtda ýene-de täze
200,000 sany belgi gelmeli) telefona hyzmat berýär.
Häzir GSM telefonlaryny köp şereketler öndürýär, Nokia, Motorola, SonyEricson, Samsung, Siemens, LG we ş.m. öndürýän telefonlary ýurdymyzyň
bazarlarynda köp. Operator tarapyndan berilýän SIM (Subscriber Identification
Module) card jübi telefonyna salynýar. SIM aňsat aýyryp-dakyp bolýan “smart
card”-dyr, salgy depderi, gelen/giden SMS-ler ýaly maglumatlar içinde
saklanýar. Ondan başgada operatora telefony tanatmak üçin gerek.
Suratlar: SIM kart we jübi telefonyna SIM kart salynýan ýer.
SMS (Short Message Service – Gysga Hat Hyzmaty) jübi telefonlara
gysga hatlar (iň köp 160 harp) ibermek üçin bir hyzmat, GSM standardynyň bir
bölegi. SMS hyzmaty üçin operatorda bir Short Message Service Center
(Gysga Hat Hyzmat Merkezi)
bolmaly. SMSC-leriň edýän işi SMS-leri
saklamak, gerekli ýerlere ugratmak we SMS-leriň ýagdaýy barada habardar
10
etmek. Meselem biri SMS ýazsa, birinji SMSC gidýär we ol ýerde saklanýar.
Iberilen telefon öçürilen ýa-da hyzmat ediş çäginden daşarda bolsa, SMS
saklanýar we soňra iberilýär. Egerde iberip bolmasa, SMS-i iberene habar
berilýär. Egerde iberilýän telefon öz torynyň içinde bolmasa, ýagny başga
operatora gitmeli bolsa, SMS beýleki operatordaky SMSC-i geçirilýär. Hemme
operatorlaryň SMSC-leri bir-birleri bilen internet arkaly ýa-da başga usullar bilen
bagly. SMSC-leriň telefon nomerleri bolýar (meselem TMCELL-iň SMSC
telefon belgisi +99365000003) we ol belgi SIM kartyň içinde saklanýar.
SMS-iň göwrümi 1120 bit we hatlar üçin birnäce alfawit ulanmak
mümkin. GSM 7-bit alfawidiniň içinde iňlis dilindäki harplar, sanlar we käbir
belgiler bar. Käbir alfawitler 8bitlik. Rusça, Arapça, Hytaýça we Ýaponça hatlar
16 bitlik Unicode enkodingi bilen ibermeli. 7bitlik alfawitde iň köp 160 harp,
8bitlik alfawitde 140 harp, 16 bitlik alfawitde 70 harp iberip bolýar. Has uzynrak
hatlar üçin uzyn SMS yada birleşdirilen SMS (concatenated SMS) ibermek
mümkin.
Standarta görä SMS-leriň görnüşleri bolýar:

SMS-SUBMIT – Başga birine iberilýän ýönekeý SMS.

SMS-SUBMIT-REPORT – Iberilen SMS merkeze giden wagty, mekrez
tarapyndan SMS-i iberene ugradylýan hasabat..

SMS-DELIVER – Başga birinden gelýän ýönekeý gysga hat.

SMS-DELIVER-REPORT – Jübi telefonyna gysga hat gelen wagty jübi
telefon alanlygy barada SMSC-e ugradýan hasabady.

SMS-STATUS-REPORT - Iberilen SMS-i alyp-alynmadygy barada yzyna
iberilýän hasabat. SMSC tarapyndan SMS-i iberene yzyna ugradylýar.
GSM standardynda bizi gyzyklandyrýan ýene-de bir mümkinçilik bar, ol hem
jübi telefonlaryny kompýutere baglap, kompýuterden SMS ibermek, kabul
etmek, jübi telefondaky belgileri okamak, başga ýere telefon etmek we ş.m.
funksiýalar.
11
Surat: SMS ugradylanda gelýän/gidýän SMS-ler we olaryň görnüşleri. Suratda
iberýän we kabul edýän telefonlar bir operatora bagly bolan ýagdaýy görkezilen.
Jübi telefon bilen kompýuter göni kabel, Bluetooth, IrDA ýa-da ş.m. ýollar
bilen baglanýar. Standartda görkezilen AT kommandalary arkaly telefon bilen
habarlaşylyar. Meselem AT+CMGS kommandasy SMS ibermek üçin ulanylýar.
Aşakda
jübi
telefon
bilen
kompýuteriň
arasyndaky
gidip/gelýän
maglumatlar görkezilen. Ýokardada belleýşimiz ýaly, ulanylýan protokol AT
kommandalary. Jedweldäki tarap sütünindäki TA (Terminal Adapter) kompýuter, ME (Mobile Equipment) – jübi telefonyny aňladýar. Bu
gysgaltmalar we atlar GSM standartynda kompýuter we telefona ýüzlenmekde
ulanylýan atlar.
Tertip Tarap
Bellik
1
AT kommandasy
TA > ME AT
ME > TA OK
Hemme zat gowlukmy?
Tekst SMS modyna geç
4
TA > ME AT+CMGF=1
ME > TA OK
5
TA > ME AT+CMGW=”559884” 559884 belgi üçin SMS ýadyňa
2
3
Hawa
Bolýar
ýaz, ýöne etnek iberme
12
6
TA > ME > Salam! ;-)
ME > TA +CMGW: 1
Iberimeli hatyň mazmuny
Ýatdaky 1-nji belgili ýere ýazyldy
OK
7
TA > ME AT+CMSS=1
Ýatdaky 1-nji ýerde duran SMS-i
iber.
8
ME > TA +CMSS: 20
Iberildi!
OK
AT kommandalaryny jübi telefona ugratmak we synap görmek isleseňiz
Windows bilen gelýän HyperTerminal programmasyny ulanyp bolýar. Meselem
aşakdaky suratda 'RING', başga biri telefona jaň eden wagtynda kompýutere
habar berilýär. HyperTerminalde 'ATA' diýip ýazsaňyz gelýän jaňa jogap beriler,
'ATH' diýip ýazsaňyz gelýän jaňa jogap berilmezden baglanşyk kesiler.
Surat: HyperTerminal programmasynda jübi telefonyna baglanyp
AT kommandalarynyň iberilişi.
13
SMS iberýän / kabul edýän programma ýazmak isleseňiz AT
kommandalaryny bilmek gerek däl. C++, Java ýaly diller üçin ýazylan SMS
iberýän / alýan taýýar kitaphanalar bar. Hemme zady täzeden ýazanyňdan taýýar
kitaphanalary ulanmak hem aňsat, hem tiz. Taýýar kodlar köp barlagdan
geçirileni üçin ýalnyşlyklary hem az, gowy işleýär. Ýekeje funksiýa bilen jübi
telefona baglanýar, ýekeje funksiýa bilen SMS ugradylýar.
Biz öz işimizde C++ üçin ýazylan gsmlib kitaphanasyny ulandyk.
Aşakdaky C++ programma bölegi gsmlib ulanyp +99365559884 belgili
telefona “Salam! :-)” diýip SMS ugradylyşyny görkezýär.
// COM3-daki telefona baglan
MeTa *me = new MeTa(new Win32SerialPort(“\\\\.\\COM3”,
DEFAULT_BAUD_RATE, DEFAULT_INIT_STRING, false));
// SMS hyzmatyny ishlet
me->setMessageService(1);
// taze SMSSubmitMessage obyektini doret
Ref<SMSSubmitMessage> submitSMS = new SMSSubmitMessage();
// kime ibermeli?
Address destAddr(“+99365559884”);
submitSMS->setDestinationAddress(destAddr);
// Iber
me->sendSMSs(submitSMS, “Salam! :-)”, true);
Gsmlib
kitaphanasy
GNU
LGPL
rugsatnamasy
Goşmaçadaky ykjam diskiň içinde 1.10 wersiýaly nusgasy bar.
14
bilen
berilýär.
Bluetooth
Bluetooth
simsiz,
gysga-aralyk
radýo tolkunlary arkaly jübi telefonlary,
kompýuterleri, printerleri, fotoapartlary, laptoplary we ş.m. enjamlary biribirlerine howpsyz şekilde baglamaga mümkinçilik döredýän täze tehnologiýa.
Radýo tolkunlaryny (2.45GHz) ulanýanlygy üçin enjamlar başga otaglarda bolsa
hem işleýär we görnüşlerine görä 1, 10 ýa-da 100 metr aralykda tutýar. Häzirki
zaman jübi telefonlary hemmesi diýen ýaly Bluetooth goldaýar. Kompýuterlere
Bluetooth goldawyny berýän ýörite USB enjamlary bar. Olaryň bahasy arzan we
tapmak kyn däl. Iki enjamy Bluetooth arkaly baglamaga Pairing diýilýär.
Arasynda öň gürleşilen bir meňzeş syr (passkey) bolýar we şol syry iki enjama
girilenden soňra baglanýarlar. Iki enjam arasynda faýl çalyşmak iň köp ulanylýan
hyzmatlarynyň biri.
Jübi telefonlary kompýutere baglamak üçin ýörite kabeller bolýar, ýöne
olary ulanmaýanlygymyzyň birinji sebäbi ol kabelleri tapmak kyn, kän elýeterli
däl. Ikinji sebäbi bolsa modelden-modele görä üýtgeýär, meselem Nokia-nyň
kabellerini Motorola telefony üçin ulanyp bolanok. Üçünji sebäbi bolsa
kabelleriň bahasy Bluetooth-USB adapterinden arzan däl.
Ýenede bir gowy tarapy, programmaçy üçin hiç hili kynçylyk ýok. Jübi
telefonyna baglananyndan soňra Windowsda wirtual COM-port ýasalýar we
belgi berilýär. Programma ýazylan wagtynda hemme zady beýleki simli COM
portlara (RS232) baglanylyşy ýaly edibermeli.
Surat: Bluetooth USB adaptor
15
XML (Extended Markup Language)
XML (eXtended Markup Language) - Dürli-dürli platformalaryň
arasynda maglumatlaryň aňsat paýlaşylmagy, ulanylmagy we saklanmagy üçin
niýetlenen standart formada berilýän at. XML format arkaly çylşyrymly
maglumat gurluşlaryny bir faýla ýa-da bir pakede jemläp başga ýere ibermek ýada kompýuteriň ýadynda saklamak bolýar.
XML-de her bir maglumat iki sany teg-iň arasynda saklanýar. Birinji
başlangyç teg, soňra maglumat gelýär, soňrada jemleýän teg. Maglumatlar iç-içe
saklanyp bilinýär.
Meselem şu setiri alalyň.
<sene><ay>03</ay><gun>03</gun><yil>1989</yil></sene>
Bu mysalymyzda <sene> - başlangyç teg, </sene> jemleýji teg we içindede 3
sany başga obýekt saklaýar, gun, ay we yil.
Ikinji mysalymyzda üç sany okuwçy barada maglumady XML görnüşde
görkezeliň.
<okwucylar>
<okuwcy>
<ady>Maral Mekanowa</ady>
<mekdep>33-nji orta merkdep</mekdep>
<telefon>903478</telefon>
</okuwcy>
<okuwcy>
<ady>Mekan Myradow</ady>
<mekdep>46-nji orta merkdep</mekdep>
16
<telefon>123456</telefon>
</okuwcy>
<okuwcy>
<ady>Serdar Bayramow</ady>
<mekdep>1-nji orta merkdep</mekdep>
</okuwcy>
</okwucylar>
XML standarty gaty uly we şu wagt giňden ulanylýar. Her hili
programmirleme dilleri üçin XML format bilen işleýän bir näçe kitaphanalar
ýazyldy. Internetde Web-sahypalaryny taýýarlamak üçin ulanylýan täze XHTML
hem XML standartlaryna görä işlenip düzülen. XHTML, ODF (OpenDocument
Format), XMPP, SVG (Scalable Vector Graphics), VoiceXML, KML we ş.m.ler
XML üstünde düzülen standartlara mysal bolyp biler.
Biz Karz Depderinde köp ýerde XML ulandyk. Meselem karz alyjylar
barada maglumatlar XML faýlda saklanýar. Ulanyjy programmalar bilen serwer
programmasy bir-birleri bilen habarlaşmak üçin XML formadyny ulanýar.
Nirelerde näme üçin ulanýanlygymza soňradan degip geçmekçi.
Standartyň doly spesifikasiýalary, ulanylýan ýerleri, peýdalary we has köp
maglumat üçin serediň:
XML standartynyň spesifikasiýasy
http://www.w3.org/TR/REC-xml/
17
XML-RPC (XML Remote Procedure Call)
Ýokardada belleýşimiz ýaly, XML standartynyň üstünde başga standartlar
hem işlenip düzülýär, XML-RPC hem şolaryň biri. RPC( Remote Procedure
Call),
adyny
terjime
etsek
“uzakdaky
funksiýany
işletmek”
bolýar.
Programmalar başga kompýuterdaki funksiýalary toryň üstünden işledip
bilýärler. Diýeli merkezi kompýuterde SMS ibermek üçin enjamlar we
programma üpjünçiligi bar bolsyn. Başga bir kompýuter merkeze baglanyp SMS
iberýän funksiýany uzakdan işledip bilmeli, başgaça aýdanymyzda 1-nji
kompýuterdaki programma toryň üsti bilen 2-nji kompýuterdäki programmadan
bir zat haýyş etmeli. Şu tilsimadyň adyna RPC diýilýär.
XML-RPC hem başga ýerdäki programmadan haýyş etmek üçin gaty
ýönekeý we sada protokol. Haýyşlar (işledilmeli funksiýanyň ady we iberilmeli
parametrler) XML görnüşde HTTP-POST metody bilen iberilýär, uzakdaky
funksiýa iberilen argumentler bilen işledilýär we jogaby hem XML görnüşde
yzyna gaýtarylýar.
Ine aşakdaky mysalda examples.getStateName funksiýasy 41 parametri
bilen çagyrylýar we uzakdaky funksiýa “South Dakota” setirini jogap edip
gaýtarýar. (Mysallar standart dokumentdäki berilen mysaldan göçürilip alyndy.)
POST /RPC2 HTTP/1.0
User-Agent: Frontier/5.1.2 (WinNT)
Host: betty.userland.com
Content-Type: text/xml
Content-length: 181
<?xml version="1.0"?>
<methodCall>
<methodName>examples.getStateName</methodName>
<params>
18
<param>
<value><i4>41</i4></value>
</param>
</params>
</methodCall>
HTTP/1.1 200 OK
Connection: close
Content-Length: 158
Content-Type: text/xml
Date: Fri, 17 Jul 1998 19:55:08 GMT
Server: UserLand Frontier/5.1.2-WinNT
<?xml version="1.0"?>
<methodResponse>
<params>
<param>
<value><string>South Dakota</string></value>
</param>
</params>
</methodResponse>
XMLRPC standartynyň doly ýazgysyny we XMLRPC++ kitaphanasyny
goşmaçadaky ykjam diskden tapyp bilersiňiz.
Sepler:
XML-RPC standartynyň baş sahypasy
http://www.xmlrpc.com/
XMLRPC++, taýýar C++ kitaphanasy
http://sourceforge.net/projects/xmlrpcpp
19
zlib – uly maglumatlary gysmak
Merkez
bilen
ulanyjylar
arasyndaky
maglumatlaryň
käbiri
göni
iberilmeýär, olaryň möçberi uly bolany üçin başda gysylýar, iberilýär soňra
beýleki tarapda öňküsi ýaly açylýar. Tordan iberilýän maglumat kiçi bolany üçin,
has tiz gidýär we tordaky serişdeleri az ulanýar.
Maglumady gysmak we öňküsi ýaly açmak üçin zlib atly C kitaphanasy
ulanylýar. zlib ulanmasy aňsat, köp ulanylýar we standart.
Internet sepler:
Zlib baş sahypasy
http://ftp.cdrom.com/pub/infozip/zlib/
Zlib gysma metodynyň standardy
ftp://ds.internic.net/rfc/rfc1950.txt
Dev-C++-de programma özleşdirmek
C/C++-de programma ýazmak üçin bir näçe ädim bar we bir näçe
programma ulanmaly bolýaň. Çesme kod (.c/.cpp/.h) faýllary ýazmak we
üýtgetmek üçin gowy tekst editor gerek. Soňra olary maşyn diline terjime etmek
üçin kompilýator gerek. Iň soňynda-da hemme bölekleri birleşdirýän we işledip
bolýan programma (.exe) ýasaýana hem linker diýilýär. Yalňyşlyklary tapmakda
kömek edýäne debugger diýýäris.
Dev-C++ Windows üçin C/C++ programmalary özleşdirilýän IDE-dir
(Itegrated
Development
Environment),
ýagny
ýokardaky
sanalan
programmalaryň hemmesini öz içinde saklaýar we bir-birleri bilen sazlaşdyrýar.
Faýllary üýtgetmek üçin kuwwatly editory, GCC
(GNU Compiler
Collection) kompilýatory, GDB (GNU Debugger) debuggeri we ş.m. gerekli
hemme zatlary bar.
Windows üçin Dev-C++ 4.9.9.2 programmasy goşmaçadaky ykjam diskde
yerleşdirilen.
20
Grafiki interfeýs ýasamak
Standart C/C++ programmirleme diliniň özünde grafiki interfeýsler
ýasamak üçin funksiýalar ýok. Windowsda grafiki interfeýsler ýasamak üçin
Win32 API ýa-da MFC (Microsoft Foundation Classes) ulanmak bolýar. Win32
API ulansaň, programmalaryň kiçi we tiz bolýar, hemme Windowslarda
(9x/ME/2000/XP/Vista) işleýär. Ýöne Win32 API bilen programma ýazmak we
öwrenmek gynansakda kyn. MFC üçin bolsa Microsoftyň özüniň Visual Studiosy gerek. Microsoftyň Visual Studio programmasynyň bahasy gymmat, bikanun
göçürilen nusgalaryny bolsa özüm hem ulanyp biljek däl, hiç kime maslahat hem
berjek däl. Windowsda grafiki interfeýs ýazmak üçin mugt we has gowy
alternatiwler bar, meselem GTK+, Qt, WxWidgets we ş.m.
GTK+ bilen programmirlemek
GTK+ kitaphanasy bilen C programmirleme dilinde Windows we UNIX-e
meňzeş platformalarda grafiki interfeýs ýasamak bolýar. GTK+ mugt we GNU
LGPL4 rugsatnamasy esasynda internetden alyp, ulanyp, paylap we satyp bolyar.
GTK+ C-den basga C++, Perl, Python, Free Pascal ýaly dillere hem terjime
edildi.
GTK+ esasy sahypasy
http://www.gtk.org/
GTK+ bilen programmirlemek üçin bashlangyç
http://www.gtk.org/tutorial
GTK+ barada köp soralan soraglar we jogaplary
http://www.gtk.org/faq
GTK+ kitaphanasyny we dokumentasiýasyny goşmaçadaky ykjam diskiň
içinden alyp bilersiňiz.
4 GNU LGPL rugsatnamanyn shertleri ucin goshmacadaky GNU LGPL bolume seredin
21
Karz Depderi – Tehniki Maglumatlar
Karz Depder ulgamynda ulanylan tehnologiýalar öňki bölümlerde
düşündirildi. Bu bölümde ulgamyň bölekleri (komponentleri) ýeke-ýeke ele
alynar we olaryň nähili birleşdirilşi, habarlaşyşy we ulgamy işledilşi görkeziler.
Ulgamda esasy aşakdaky programma bölekleri bar.

Karz-Serwer – Bu programma merkezi maglumat saklanýan we
habarlaşylýan ýer bolyp durýar. Serwer kompýuterde hemme wagt işläp
durmaly. Ulanyjylara baglanmak üçin 8000-nji TCP portyny hemme wagt
diňläp we jogap berip durýar. Serwera baglanmagyň we habarlaşmagyň
ýeketäk ýoly – XmlRpc protokoly (8000-nji port) bilen.

Karz Depder – Bank işgärleriniň her haýsynyň kompýuterinde işlemeli
ulanyjy programmasy. GTK+-de ýazylan we XmlRpc protokoly bilen
merkeze baglanýar, maglumatlary alýar we täzeläp durýar. Işgäriň girizen
üýtgeşikligini merkeze ugradýar.

Karz-Admin - Merkezi dolandyrmak, iberilýän SMSleriň mazmunyny
üýtgetmek we ibermäge başlatmak, täze maglumatlary ýüklemek üçin
administrator programmasy. Diňe ulgamy işledýän biri ulanmaly, hemme
ulanyjylara gerek däl.

Karz-smsd – Jübi telefon bilen merkeziň arasynda köpri hyzmatyny
ýerine ýetirýär. XmlRpc bilen merkeze, Gsmlib bilen jübi telefona
baglanýar. Merkezdäki iberilmeli SMS-leriň nobatyndan SMS alýar we
Gsmlib bilen iberýär. Gsmlib-den gelen SMS-leri XmlRpc bilen merkeze
ugradýar.
SMS
hyzmaty
gerek
kompýuterde işläp durmaly.
22
wagtynda
jübi
telefon
dakylgy
Surat: Karz Depderi ulgamynyň gurluşy. Bir serwer, Bluetooth arkaly jübi
telefona, jübi telefon hem GSM tora baglanýar.
Maglumatlaryň saklanylyşy
Karz alyjylar barada maglumatlar merkezde customers.xml atly faýlda saklanýar. Her karz alyjy barada maglumat 'customer' teginiň içinde bolmaly. Karz alyjylary toparlara bölmek mümkin. Her topar 'group' teginde saklanýar.
customers.xml faýlynyň gurlyşy aşakdaky ýaly bolmaly.

<customers>

<group> ­ topar barada maglumat
23

■
id ­ toparyň belgisi
■
name ­ toparyň ady
<customer> ­ karz alyjy barada maglumat
■
<accno> ­ bankdaky hasap nomeri
■
<fullname> ­ karz alyjynyň doly ady
■
<phone> ­ karz alyjynyň telefon belgisi
■
<group>
­ degişli toparyň belgisi
'group'­daky 'id'­ler biri­birlerinden üýtgeşik pozitiw sanlar bolmaly. 'customer' içinde 'accno' we 'fullname' hökman bolmaly. 'phone' we 'group' bölümleri bolsa hem bolmasa hem bolýar. Ine aşakda customers.xml faýlynyň bir nusgasy
<customers>
<group id="1" name="Telekeciler"/>
<group id="2" name=”Dowlet edaralary"/>
<group id="3" name=”Rayatlar"/>
<customer>
<accno>123456897</accno>
<fullname>Atamyrat Hezretguliyev</fullname>
<phone>+99365559884</phone>
</customer>
<customer>
<accno>987654321</accno>
24
<fullname>Tmolympiad, Inc.</fullname>
<group>1</group>
</customer>
</customers>
Ikinji maglumat saklanýan faýl bolsa status.xml. Bu faýlyň customers.xml­den üýtgeşik ýeri, gysga möhletli we tiz üýtgeýän maglumatlary saklamak üçin niýetlenen. customers.xml­de saklanýan karz alyjynyň hasap we telefon belgileri, doly ady ýaly maglumatlar hiç üýtgemeýär we karz doly ýapylýança pozulmaýar diýsek ýalňyş bolmaz. Karz alyjynyň bu aýdaky tölemeli göteirm bergisi, tölap­tölemedigini we bellik ýaly her aýda täzelenýän maglumatlar status.xml­de saklanýar.
status.xml gurlyşy aşakdaky ýaly

<status>

<s accno=””> ­ Karz alyjynyň hasap belgisi 'accno'­da görkezilýär.
■
<fee>
­ Bu aýdaky tölemeli göterim bergisi
■
<st>
­ Bu aýdaky ýagdaýy, tölap­tölemedigi we ş.m.
■
<note>
­ Bellik üçin
'st' bahasy aşakdaky jedwele görä 0..5 arasy san bolmaly.
st
manysy
0
HABARSYZ
şekil
bellik
Karz alyjy bu aýdaky göterim bergisini entek tölemedi we hiç kim habar bermedi
25
1
HABARLY
Karz alyjy entek tölemedi, ýöne ýatladyldy / habar berildi. SMS gitse hem HABARLY diýip bellenilýär.
2
MESELE
Karz alyjy bilen baglanşykly bir mesele bar. SMS iberip bolmasa hem 'MESELE' diýilip bellenilýär.
3
TOLEDI
Bu aýdaky göterim bergisi tölendi.
4
SMS GELDI
Karz alyjy ýazylan SMS­e jogap ugratdy.
5
SMS SMS iberildi, ýöne baryp/barmadygy belli däl. IBERILDI
Karz-Serwer
Karz­Serwer programmasy, öň hem belleýşimiz ýaly, 8000­nji porty diňleýän XmlRpc serweri. Merkezi kompýuter açylan wagty işlär ýaly sazlamaly. Işledilen wagty customers.xml we status.xml faýllaryny okaýar we hemme maglumady ýadynda saklaýar. Maglumatlary şu wagtky bolşy ýaly doňdyrýar, zlib kitaphanasy bilen gysýar we doňdyrylan/gysylan maglumat (snapshot) üçin wersiýa nomer (revision id) goýýar. Doňdyrylan maglumady customers.xml we status.xml faýlynda ýatda saklaýar.
26
Ulanyjylar merkeze baglanan wagtynda GetSnapshot XmlRpc funksiýasy bilen iň soňky snapshot­i we revision id­ni alýarlar. Ulanyjylar maglumatda üýtgesiklik girizmek isleseler serwerdäki SetStatus funksiýasyny çagyrýarlar. Beýleki ulanyjylar özlerindäki maglumady täzelemek isleseler GetChange arkaly nämeler üýtgän bolsa şolaryň täzelerini alyp bilýärler. Karz­Smsd üçin bolsa ýörite iki funksiýa bar, SendSMS we SMSRecevied. SendSMS nobatdan bir SMS alýar we nobatdan çykarýar. SMSReceived bolsa gelen SMS­i kime degişli bolsa şona görä üýtgeshiklikler girizýär.
NewSession funksiýasy diňe Karz­Admin tarapyndan çagyrylýar. Onyň edýän işi, öňki aýy ýapyp täze aý başlatmak. Ýagny, bankyň öňki ulgamyndan täze göterim bergileri alýar, doly ýapylan karzlary pozýar, täze berilen karzlary goşýar we hemme karzlaryň ýagdaýyny HABARYZ edip belleýär.
RemindAll funksiýasy ýapylmadyk, habarsyz we jübi telefony belli bolanlara SMS­ler taýýarlaýar we iberilmeli SMS­leriň nobatyna salýar. Karz­
Smsd işledilen wagty nobatdaky SMS­ler iberilmäge başlanýar.
ParseSaldo hem bankyň öňki ulgamy bilen sazlaşyk saklamak üçin. Her günde bankyň öňki programmasyndan şol günde ýapylan karzlaryň sanawyny alýar we özündäki maglumatlary oňa görä täzeleýär.
27
Merkezdäki XmlRpc funksiýalar
Hello() : string
Ulanyjylar merkeze baglanan wagtynda baglanşygy barlamak üçin birinji Hello funksiýasyny çagyryp görýärler. Hemme zat gowy bolsa merkez “OK” bilen başlaýan string jogap edip ibermeli.
SetStatus(string accno, string varname, string value) : string
Hasap belgisi 'accno' bolan karz alyjynyň 'varname'­ni üýtget, täze bahasy 'value' bolmaly. Üstünlikli üýtgedilen wagtynda “ok” jogap edip yzyna gaýtarmaly.
'varname' bolyp biljek bahalary: 
“loan.fullname” ­ Karz alyjynyň doly ady

“loan.phone”
­ Karz alyjynyň telefon belgisi

“loan.group”
­ Karz alyjynyň degişli topary

“st”
­ Bu aýdaky ýagdaýy

“note”
­ Bellik
Maglumadyň wersiýasy, ýagny 'revision id' sany 0­dan başlanýar. Her gezek SetStatus çagyrylan wagtynda 'revision id' bir goşylýar we üýtgeşiklik ýatda saklanýar. GetChange(int revid) : array
Berilen 'revid' (revision id) maglumat wersiýasy bilen bir köneki wersiýada bolan 28
üýtgeşikligi jogap edip iber. Jogabyň 0­njisi karz alyjynyň hasap nomeri (accno), 1­njisi üýtgedilen zat (varname) we 2­njisi täze bahasy (value). Egerde olar ýaly wersiýa entek ýok bolsa, jogabyň 0­nji bahasy “nothing” bolmaly.
SMSReceived(string phoneno, int type, string message)
Täze SMS gelen wagtynda çagyrylýar. phoneno – SMS­i ibereniň telefon belgisi
type – görnüşi, 0 – SMS­DELIVER, 1 – SMS­STATUS­REPORT
message – SMS­iň mazmuny
Bu funksiýanyň işleyşi üçin bölümiň soňyndaky blok­diagramma serediň.
SendSMS() : array
Iberilmeli SMS­leriň nobatyndan 1 SMS al we jogap edip iber.
Jogabyň 1­njisi: iberilmeli telefon belgi
Jogabyň 2­njisi: iberilmeli SMS­iň mazmuny
RemindAll(string msg_format)
Telefon belgisi MOBILE_PHONE_PREFIX (+9936) bilen başlaýan, tölemedik we habarsyz karz alyjylara SMS taýýarla we iberilmeli SMSleriň nobatyna sal.
msg_format – Iberilmeli SMS. Göterim bergisiniň bahasynyň ýerine %s goýmaly.
Meselem msg_format = “Hormatly karz alyjy! Sizin goterim berginiz %s manat.”
29
GetSnapshot() : array
Iň soňky doňdyrylan we gysylan maglumady (snapshot) jogap edip iber. Jogap 5 elementlik massiw.
0­nji: revision id, snapshotiň wersiyasy
1­nji: customers.xml faýlynyň zlib bilen gysylan görnüşi, Base64 formatynda
2­nji: customers.xml faýlynyň möçberi, (gysylmadyk ýagdaýynda)
3­nji: status.xml faýlynyň zlib bilen gysylan görnüşi, Base64 formatynda
4­nji: status.xml faýlynyň möçberi, (gysylmadyk ýagdaýynda)
NewSession(string file_name) : string
Bankda öňden ulanylýan programmanyň her aýda döredýän hasabat tekst faýlyny okaýar, ýapylan karzlary pozýar, täze berilenleri goşyar we öňküleriň göterim bergilerini okaýar. file_name: Hasabat tekst faýlynyň salgysy
BELLIK: Bu funksiýa bankdaky ulanylýan programma görä üýtgeýär.
30
Surat: SMSReceived() funksiýasynyň blok­diagrammasy. Aşak­sag çüňkdäki tegelek XmlRpc funksiyasynyň girýän/çykýan ýerini görkezýär.
Karz-Smsd
Karz­Smsd programmasy Gsmlib bilen jübi telefonyna baglanýar we XmlRpc bilen merkeze. Bu diýseň ýönekeý programma, merkezden iberilmeli bir SMS alýar we iberýär. Soňra 10 sekunt ýa­da SMS gelýänçä garaşýar. 10 sekunt içinde SMS gelse, merkeze ugradýar we ýene­de garaşýar. Wagtynda gelmese merkezden ýene­de SMS alýar we iberýär.
31
Egerede işläp durka biri telefon etse, alynmazdan göni baglanşyk kesilýär we öňki işine dowam edýär. SMS ibermek tizligi ulanylan Bluetooth adaptor, jübi telefon we GSM operatora görä üýtgeýär, ýöne biziň guranymyzda ortaça minutda 5 SMS iberip bolýar. Surat: Karz-Smsd işleýiş blok-diagrammasy
32
Karz Depder
Karz Depder – ulanyjy programmasy, bank işgärleri üçin merkezdäki
maglumatlar binýadyna baglanýan, maglumatlary görkezýän we üýtgedýän
GTK+ bilen ýazylan Windows programmasy. Ulanyjy programmasy ýazylan
wagtynda göz öňünde tutylan taraplaryň biri hem “aňsat ulanmak”. Bank işgäri
biziň programmamyzy işledýär we hemme zat öňünde. Ulanyjy interfeýsi gaty
sada, jemi 2 sany penjire we 3-4 sany düwme bar. Gerekmejek menýular,
komandalar aýyrylan. Beýleki programmalardaky ýaly faýly aç, baglan, ýatda
sakla, faýly ýap, poz we ş.m. buýruklaryň hiç haýsy ýok. Programma açylan
wagtynda özi merkeze baglanýar, maglumatlary alýar we görkezýär. Maglumada
bir üýtgeşiklik girizen wagtyň şol wagtda merkeze ugradýar. Merkez bilen
baglanşyk kesilen wagtynda özi tä baglanyp bilýänçä her 10 sekuntdan täzeden
synanşyp durýar.
Esasy penjire dik çyzyk bilen iki bölüme bölünen. Çep tarapda ullakan
jedwel, sag tarapda bolsa saýlanan karz barada giňişleýin maglumat we
düwmeler bar. Çep tarapdaky jedweliň sütünleri : ýagdaýy, hasap belgisi, doly
ady, bellik we göterim bergisi. Ýagdaýy sütüninde karzyň ýagdaýy barada
şekiljikler görkezilýär. Jedweldäki setirler toparlara bölünen, ulanyjy diňe özüne
gerekli toparlary görkezip we galanlaryny gizlap bilýär. Gerekli karzy tapmak
üçin hasap belgisine görä gözleg edip bolýar. Bir karz saýlanan wagtynda esasy
penjiräniň sag tarapyndaky panelde karz barada has giňişleýin maglumatlar
görkezilýär. Sagdaky panelde “Bellik et”, “Töledi” ýaly buýruk düwmeleri bar.
Karz alyjy barada maglumady üýtgetmek üçin degişli setire iki gezek basmaly.
Bank işgärlerine programmany ulanmagy öwretmäge her haýsyna 5
minutdan köp wagt gerek bolmady. Bu bolsa interfeýsiň sada we düşnüklidigini
subut edýär.
33
Surat:
Esasy
penjire.
Çep
tarapda jedwel, sag tarapda
bolsa ginişleýin maglumat we
buýruk düwmeleri.
34
Surat: Esasy penjiräniň çep tarapyndaky jedwel
Surat: Esasy penjire, diňe bir topardaky karzlar görkezilýär.
35
Surat: Maglumat üýtgedilýän penjire.
Netije
Etmeli işini doly ýerine ýetirip bilýän, döwrebap tehnologiýalara görä
taýýarlanan, ulanmasy aňsat, ynamly we az serişde sarp edýän programma
ýazmak maksadymyzdy. Işe başlamakdan öň goýan maksatlaryma doly
ýetendigimi, taslamanyň şu wagda çenli üstünlikli gelýänligini aýtmak diýseň
begendiriji. Haýyş boýunça ýazylmaga başlanan bu iş, öň gürleşilen wagtyndan
gijä galman, wagtynda (20 günde) doly gutaryldy. Hemme zat kanuna laýyk
edildi, hiç kimiň işi we programmasy rugsatsyz ulanylmady. Biderek wagt
ýitirmän
öňki
ulanyjylarymyzyň
taýýar
we
işlerden
olardan
köp
başgada
peýdalanmagy
başardyk.
gyzyklanýanlaryň
Eýýäm
bardygy
işiň
peýdalydygyny görkezýär.
Geljekde ýurdymyzdaky başgada köp banklar bu iş bilen gyzyklanarlar we
Karz Depderinden peýdalanyp başlarlar diýip umyt edyarin.
36
Ulanylan edebiýatlar

Brian W. Kernighan, Dennis M. Ritchie. C Programming Language. 1988

Thinking in C++

GTK+ Reference Manual

GLib Reference Manual

zlib 1.1.4 Manual

XML­RPC Specification, Dave Winer, 1999

Developers' Home web sahypasy, http://www.developershome.com/sms/

Wikipedia ­ Internet ensiklopediýasy, http://en.wikipedia.org/

USBDeveloper web sahypasy, http://www.usbdeveloper.com/
37
Goşmaca
Bu bolumdaki yazgylar ylmy ishe gosmaca – Kanun we hukuklar barada bellikler, GNU LGPL rugsatnamasy we gsmlib bilen ishleyan telefonlaryn sanawy.
Kanun we hukuklar barada bellikler
Bu ylmy iş we Karz Depder kompýuter programmasynyň awtorlyk
hukuklary
Atamyrat
Hezretguliyewe
degişli.
Karz
Depder
kompýuter
programmasy söwda maksady bilen ýazylan we bu ylmy iş bilen berilýän
programmalary awtordan rugsatsyz ulanylmasy bikanundyr we jogapkärçilikli
işdir.
Ulgamyň işlenip düzülşini, işleýşini, arkasyndaky tehnologiýalary
öwrenmek, öwretmek ýa-da başga BILIM maksady bilen işleriň nusgasyny
almak, synag maksady bilen işledip görmek bolýar. Iş ýerinde ulanmaga ýa-da
satmaga rugsat almak üçin awtor bilen habarlaşyň.5
Aşakdaky ulanylan kodlaryň awtorlyk hukuklary bize degişli däl. Ol
bölekleri öz programmaňyzda ulanyp bilersiniz.
gsmlib, Copyright © Peter Hofmann <[email protected]>.
XmlRpc++, Copyright © Chris Morley <[email protected]>
zlib, Copyright © 1995-2002 Jean-loup Gailly we Mark Adler
GTK+, Copyright © 1995-1997 Peter Mattis, Spencer Kimball, Josh MacDonald
we beýlekiler.
5 Habarlasmak ucin maglumatlar “Awtor barada gysgaca” boluminde bar
38
Gsmlib bilen işleýän telefonlar
SMS ibermek/kabul etmek üçin ýörite GSM/GPRS modemleri ulanmak iň
gowusy, ýöne olary tapmak kyn, bahasy gymmat. Ýönekeý jübi telefonlaryň
erbet tarapy, standarta göra dogry we düzüw işleýänini tapmak kyn.
Telefonlaryň köpüsi SMS ibermegi goldaýar, ýöne gelýän SMS-leri
işlemegi köp telefon oňaranok. Bir näçe telefony synap gören wagtymyzda
köpüsinde SMS-STATUS-REPORT hatlaryny kompýutere geçirmekde kynçylyk
çykýar. Status Report-lar kompýutere gelmese hem iberen SMS-imizi
alyp/almadyklaryny bilip bilemzok.
Nokia N73, Nokia 6233, Nokia 6131, Nokia E50, Sony-Erickson W300i,
Nokia 6600 we bulardan başgada käbir Samsung telefonlary gsmlib bilen
işlemeýänligine özümiz göz ýetirdik.
Gsmlib dokumentasiýasynda awtorynyň ýazmagyna görä, aşakdaky
telefonlar gsmlib bilen işlemeli, ýöne biziň özümiz elde synap görmedik.

Nokia 6150, 6210, 8810, 7110, 8290

Siemens S10D, S25, S35i, S45

Ericcson SH888, T28s, T20e, R320s, T65, T39

Motorola Timeport 250, 260, P7389
Ýokardaky telefonlaryň hemme zady dogry işlemezligi mümkin. We
elbetde ol sanalanlardan başgada dogry işlejek telefonlar tapmak bolar.
GNU Library General Public License
Karz Depderi kompýuter programmasy başga biri tarapyndan ýazylan
taýýar kod bölekleri, kitaphanalary ulanýar. Grafiki interfeýs ýasamak üçin
GTK+, jübi telefonyna baglanmak üçin gsmlib, merkeze baglanmak üçin
XmlRpc++, başga käbir ýerlerde bolsa glib ulanýar. Sanan kitaphanalarymyzyň
hemmesi GNU Library General Public License rugsatnamasy bilen berilýär. Bu
39
rugsatnama bilen berilýän kitaphanalary we işleri öz işinde ulanmaga, paýlamaga
we satmaga hemmelere rugsat berilýär, ýöne onyň hem öz şertleri bar. Birinji
şerti, şol edilen işleri ulanandygyňy gizlemeli däl, boýun almaly. Şol edilen
işleriň awtorlyk hukuklary kime degişli bolsa görkezmeli. Rugsatnamanyň bir
nusgasyny edilen işiň ýany bilen bermeli.
Biz ulanan kitaphanalarymyzyň rugsatnamasyndaky şertleri doly ýerine
getirýäris.
Rugsatnamanyň
doly
yazgysynyň
goşmaçadaky ykjam diskiň içinden tapyp bilersiňiz.
40
nusgasyny
(iňlis
dilinde)

Benzer belgeler

Hyundai Merkezi Türkmenistan

Hyundai Merkezi Türkmenistan Zähmet haky barada we eýeleýän wezipesi hakynda iş ýerinden kepilnama (bankyň nusgasy) Karz alýanyň we onuň ýan ýoldaşynyň pasportlarynyň nusgasy, nika hakyndaky şahadatnamanyň nusgasy (RÝaNÝa) Kar...

Detaylı

Türkmenistanyň raýatlaryna aşgabat şäherinde täze gurlan

Türkmenistanyň raýatlaryna aşgabat şäherinde täze gurlan emläk üçin karz bermegiň Tertibi (mundan beýläk – Tertip) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Türkmenistanyň raýatlarynyň gozgalmaýan emlägi satyn almagy üçin karzlar hakynda” Türkmenistanyň Prezident...

Detaylı