D:\New\TIPOGR~1\22007Z~1\2007

Transkript

D:\New\TIPOGR~1\22007Z~1\2007
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA
SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN
НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary
geňeşiň ylmy-nazaryýet žurnaly
Scientific-theoretical journal of Supreme Council on science and technology
under the President of Turkmenistan
Научно-теоретический журнал Высшего совета по науке и технике при
Президенте Туркменистана
2
2007
AŞGABAT • YLYM
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ
PREZIDENTI, HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY
GURBANGULY BERDIMUHAMMEDOWA
“YLMYŇ GAZANANLARYNY ÖNÜMÇILIGE ORNAŞDYRMAK OBA
HOJALYK EKINLERINDEN ÝOKARY HASYL ALMAGYŇ GIREWIDIR”
ATLY YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARYŇ
MINNETDARLYK
HATY
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
“Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden
ýokary hasyl almagyň girewidir” atly ylmy maslahatyna gatnaşyjylar bolan biz Mary
şäherinde geçirilen Türkmenistanyň taryhy XX Halk Maslahatynda Siziň
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanmagyňyz
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkymyzyň Size bolan uly ynamynyň
hakykatdan hem ýerine düşendigine geçen gysga wagtyň içinde aýdyň göz ýetirdik.
Halk Maslahatynda halkyň göwnünden turýan meseleler barada iňňän möhüm
kararlara, çözgütlere gol çekmegiňiz biziň Size bolan ynamymyzy has-da berkitdi.
XX Halk Maslahatynda Siziň “Arçynlar hakynda”, “Daýhan birleşikleri
hakynda” we “Daýhan hojalygy hakynda” kabul eden kanunlaryňyzy oba hojalygynda
geçirýän özgertmeleriňiziň kanunçylyk esaslaryny düzýär. Döwlet dolanyşygynda,
halkymyzyň eşretli ýaşaýşynda esasy orunlaryň birini eýeleýän oba hojalygynyň
pudaklaryny düýpli özgertmäge şeýle uly üns bermegiňiz, biz alymlaryň öňünde
jogapkärli wezipeleri we borçlary goýýar. Şonuň üçin biz oba hojalygyny ylmy esasda
dolandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ylmy maslahata
ýygnanyşdyk.
Bu Maslahatda çykyş eden alymlaryň, ylmy işgärleriň, pudak ýolbaşçylarynyň,
hünärmenleriň sözlän sözleriniň, pikirleriniň içinden Siziň görkezmeleriňiz eriş-argaç
bolup geçýär. Çünki Siziň halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda,
ýurdumyzyň abadan, asuda, halkymyzyň bolelinlikde ýaşamagyny esasy maksat
edinmegiňiziň özi alymlary ylma düýpli çemeleşmeklige bolan belent çagyryşdyr. Siz
dünýäde Watan hem adam mertebesini iş ýüzünde has-da beýgeltdiňiz.
Hormatly Prezidentimiz!
Biziň halkymyzyň agramly bölegi obada ýaşap, ýerden eklenýär. Olaryň,
hakykatdan hem, köp halatlarda, ýaşaýyş derejeleri Zeminiň sahylygyna bagly. Biziň
bu mukaddes topragymyz bolsa göwnejaý hyzmat edilse, soňa goýman öz barlygyny,
hasylyny gaýdyp berýär we rysgally hazynasyny bagş edýär. Şu aýratynlygyň özi hem
türkmen daýhanynyň süňňüne siňendir. Siziň bu özboluşlylygy örboýuna galdyryp,
döwlet gözegçiligine, öz hemaýatçylygyňyza almagyňyz düýpli özgerişleriň
rowaçlanmasynyň kepilnamasyna öwrüldi.
Siz Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda oba hojalygyny özgertmekde, bol
önüm almakda we ekinleri ösdürip ýetişdirmekde topraga yzygiderli, öz wagtynda,
utgaşykly hyzmatlaryň ylmy esasda bolmalydygyny ýene bir gezek jaýdar nygtadyňyz.
3
Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz!
Siziň Marynyň azot we Türkmenabadyň superfosfat zawodlarynda uly täzeleniş
işleriniň geçirilýändigini, şu ýyl tutuş sebiti kaliý döküni bilen üpjün edip biljek
ýene-de bir uly zawodyň gurluşygyna girişiljekdigini nygtamagyňyz, şeýlelikde,
ýurdumyzda dökün bilen baglanyşykly meseleler dolulygyna çözmäge, oba
hojalygyny ösdürmäge aýgytly täsir eder. Siziň bu asylly maksatlaryňyzyň çözgütleri
bolsa, ylym bilen gös-göni baglanyşykly bolup durýar. Bu gün ylym ozalky endiklere
täzeçil nazaryýetde garalmagyny talap edýär. Topragyň we tohumyň gurluşyna,
kartogrammalaryň düzülişine, ekin dolanyşygynyň dogry ýola goýluşyna, suwuň, zeý
suwlaryň akabalarynyň netijeli bolmagyna, günüň we howanyň ekinleriň kemala
gelmegindäki ornuna ygtybarly usullary, açyşlary günübirin önümçilige
ornaşdyrylmaly. Nesip bolsa, alymlar bu wezipäniň hötdesinden gelerler. Sebäbi şu
günki ylmy maslahatda orta atylan pikirler, teklipler, salgy berilýän çäreler ozal bar
bolup, önümçilige ornaşdyrylman ýa-da kem-käsleýin ornaşdyrylan işleriň öwezini
dolmaga niýetlenen ylmy işler Siziň ylym jemgyýetçiliginiň öňünde goýan
wezipeleriňiziň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyna kepil geçýär.
Hormatly Prezidentimiz!
Oba hojalygyndaky özgertmeler ylym, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, halkyň
durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak we olaryň ýaşaýyş şertlerini üzül-kesil ýokary
götermäge gönükdirilen çäreleriňiz bilen utgaşyp, Türkmenistanda ruhy galkynyşyň
täze ýokary göterilişlerini döretdi.
Şu günki Türkmenistanyň Prezidentiniň yanyndaky Ylym we tehnika baradaky
Ýokary geňeş bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan geçirilen
maslahat hem oba hojalygy bilen bagly Siziň öňde goýan belent wezipeleriňizi
çözmeklige hem-de ylmyň tutýan ornuny kesgitlemeklige bagyşlandy. Bu maksadyň
oňyn netije berjekdigine Sizi ynandyrmaga rugsat ediň!
Goý, dünýä dursun, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dursun!
Goý, agzybir türkmen halkymyza Siziň baştutanlygyňyzda elmydama
üstünlikler hemra bolsun!
Goý, türkmen halkynyň milli, ruhy ýörelgeleri dowamat dowam bolsun!
Sizi çuňňur hormatlamak bilen,
“Ylmyň gazananlaryny önümçilige
ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden
ýokary hasyl almagyň girewidir” atly
ylmy maslahata gatnaşyjylar.
Aşgabat şäheri,
2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-si.
4
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA
НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ
SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN
№2
2007
G.Berdimuhammedow
ADAMLARYŇ BAŞ SAGLYGY TÜRKMENIŇ
ALTYN ASYRYNYŇ BINÝADYDYR
Türkmeniň Altyn asyrynyň Baş Taglymaty bolan Mukaddes Ruhnamany özleriniň
ruhy şamçyragy edinen saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri öz
halkynyň saglygy barada hemişe alada eden Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
ynsanperwer “Saglyk” Döwlet maksatnamasy bilen galkynyp, döwletimiziň saglygy
goraýyş we derman senagaty pudagynda zähmetsöýer halkymyzyň saglygyny
berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga we bejermäge gönükdirilen düýpli
hem-de giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarlar.
1995-nji ýylyň Gorkut aýynyň 21-ine kabul edilen “Saglyk” Döwlet
maksatnamasy ilatyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasaty derejesine göterdi.
Bu resminamada ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek, ony dünýä derejesine
çykarmak boýunça esasy ugurlar kesgitlenildi.
Saglygy goraýyş pudagymyzda şeýle uly özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin
ilkinji nobatda şol özgertmelere giň ýol açjak kanunçylyk binýady pugtalandyrdyk.
Şeýlelikde, maksatnamanyň çäklerinde “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” hemde “Melhemçilik we derman üpjünçiligi hakynda”, “Iýmit önümleriniň hili we
howpsuzlygy hakynda”, “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň
(AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň
alynmagy we ýok edilmegi hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda”,
“Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna
garşy göreş çäreleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, “Çilim çekmegi, nas atmagy
gadagan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany, “Garaşsyz
Türkmenistanyň Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda” Türkmenistanyň
Prezidentiniň Permany, “Duzy ýodlamak we uny demir bilen rençlendirmek barada”
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary, “Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak
babatda işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlylandyrmagy kämilleşdirmek hakynda”
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmekligiň esasy
wezipeleri diýlip:
• sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek hem-de ösdürmek, sagdyn
adamlaryň saglygyny berkitmek;
• keselçiligiň öňüni almaklyga gönükdirilen milli meýilnamalary durmuşa
geçirmek;
• ilkinji lukmançylyk kömegini, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala
saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek;
5
• ilaty mugt saglygy goraýyş hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilen
möçberi bilen üpjün etmek;
• saglyk ätiýaçlandyrmasyny kämilleşdirmek;
• ýurtda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň
abadançylygyny üpjün etmeklik we daşky gurşawyň gigiýenasyny goramak;
• kesel bejeriş we şypahana edaralaryny kämilleşdirmek;
• saglygy goraýşy maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek we onuň dürli görnüşlerini
ösdürmek, hususy saglygy goraýşyň ösmegine ýardam bermek;
• ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, saglygy goraýyş edaralarynyň
maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak;
• saglygy goraýyş ylmyny hem-de amaly işlerini özara utgaşdyrmak,
hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini kämilleşdirmek;
• saglygy goraýşyň guramaçylygyny we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek;
• saglygy goraýşyň kanunçylyk binýatlaryny berkitmek kesgitlendi.
Bu wezipeleri amala aşyrmakda ilkinji tapgyrda (1995–1997-nji ýyllar)
ýurdumyzda maşgala lukmançylygy ornaşdyryldy, raýatlaryň döwlet meýletin saglyk
ätiýaçlandyrmasy girizildi we hassahana orunlaryny rejeli peýdalanylmak boýunça
çäreler görüldi.
Ikinji tapgyrda (1998–2000-nji ýyllar) saglygy goraýyş edaralarynyň täze, kämil,
döwrebap dünýä derejesindäki görnüşleri döretmäge girişdik, Türkmenistanyň Saglygy
goraýşyny ösdürmekligiň döwlet Gaznasy döredildi, şypahana we medisina-durmuş
edaralary pudagymyzyň düzümine girizildi, ýurdumyzyň derman senagatyny mundan
beýläk-de ösdürilmek üçin saglygy goraýşyň çeşmelerini giňeltmek bellendi.
Üçünji tapgyrda (2001–2004-nji ýyllar) “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini we
netijeliligini has-da ýokarlandyrylmak başartdy, saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň baş
wezipesi keselleri bejermekden olaryň öňüni almaklyga gönükdirdik.
Dördünji tapgyrda (2005–2010-njy ýyllar) saglyk ätiýaçlandyrmasynyň
ähliumumy hökmany görnüşine geçilmegi, saglygy goraýyşda ykdysady usullaryň giňden
ornaşdyrylmagy, keselleriň öňüni alyş çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy we
saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli ösmegi özümize
baş wezipe edip belledik.
Ilatyň arasynda keselçiligiň öňüni almak üçin adamlaryň sagdyn durmuş
ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy,
zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, ruhy taýdan sagdynlygy, arassa howada
işjeň hereket etmegi we sport görnüşleri bilen meşgullanmagy zerurdyr. Bu mesele
boýunça hem adamlaryň düşünjesini artdyrmak başartdy. Aşgabatda we ýurdumyzyň
welaýatlarynda “Serdaryň saglyk ýollary” gurlup, ulanmaga berildi. Adam ömrüniň ähli
döwürlerinde hereketde bolmagyň saglyga oňaýly täsir edýändigini nazarda tutup açylan
“Saglyk ýollarynyň” saglygy berkitmekde bimöçber gadyr-gymmatynyň bardygyna
halkymyz aýdyň göz ýetirdi.
Saglygy goraýşy maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň
bazaryny ösdürmek niýeti bilen 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny
ösdürmegiň Döwlet gaznasy döredildi.
Gaznanyň girdejesiniň esasy çeşmesi meýletin saglygy goraýyş
ätiýaçlandyrmanyň tölegleri bolup, ol gaznanyň umumy girdejisiniň 80–90%-e çenlisini
6
tutup, galany hojalyk hasaplaşygyndaky we büjet edaralarynda amala aşyrylýan tölegli
hyzmatlardan gelen girdejiler, derman serişdelerini we saglygy goraýyş hajatly
enjamlaryny bellige almakdan, rugsatnama üçin tölegler, edaralaryň amala aşyrylan töleg
gaznasy, jerime tölegleri we iýmit önümlerini güwanamalaşdyryş işlerinden gelen
girdejilerdir.
Saglygy goraýyş edaralaryň tölegli hyzmatlaryndan Türkmenistanyň Saglygy
goraýşyny ösdürmegiň Döwlet gaznasyna geçirilýän serişdeler döwlet tarapyndan mugt
bejergisi kepillendirilen raýatlara ýatymlaýyn bejergi üçin derman serişdelerini we
saglygy goraýyş ähmiýetli serişdeleri satyn almaga gönükdirilýär.
Ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, saglygy goraýyş edaralarynyň
maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin 50-den gowrak döwlet bilen
şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagta çenli 1100 görnüşli derman we derman serişdeleri
gelip gowuşdy.
1999-njy ýylda ýurdumyzda bitýän derman otlaryny öwrenmek üçün hem-de
derman senagat birleşigini çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň
Milli derman serişdeleri instituty döredildi.
Ýurdumyzyň halkyny we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly
derejede üpjün etmek işine hemişe iň wajyp mesele hökmünde garalýar. Bu meseläni
çözmek maksady bilen häzirki “Türkmendermansenagat” birleşigi döredildi. Birleşigiň
düzüminde S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumy, “Saglyk” derman
kärhanasy, Bilelikdäki “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” türkmen-hindi
kärhanasy we “Tenekär” derman kärhanasy işleýär.
Özümizde öndürilýän derman serişdeleriniň görnüşini artdyrmak, önümçiligiň
göwrümini giňeltmek, ýerli çig mallardan täze dermanlary almak üçin alnyp barylýan
ylmy işleri ösdürmek, ösümliklerden we jandarlardan dermanlyk çig mallary öndürmek
– birleşigiň esasy maksadydyr.
“Türkmendermansenagat” birleşigiň kärhanalarynda hili, howpsuzlygy we
täsirliligi taýdan dünýä derejesindäki talaplara gabat gelýän dürli dermanlaryň 180-e
golaýynyň önümçiligi ýola goýuldy.
Halkymyzyň öz saglyk ýagdaýlaryny häzirkizaman dünýä derejesinde, täze
usullarda bejerder ýaly şertler hem döredildi. Munuň üçin Aşgabatda we welaýat
merkezlerinde iň döwrebap anyklaýyş we bejeriş merkezleri gurlup ulanmaga berildi.
Dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirkizaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara saglyk Merkezleri müdiriýetiniň
S.A.Nyýazow adyndaky Halkara medisina merkezi, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy
adyndaky iç keseller merkezi, Saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi we “Ene mähri”
merkezi özleriniň işlerini doly derejede tölegli hyzmatlar esasynda amala aşyrmak bilen,
raýatlara saglygy goraýyş hyzmatlaryny has ýokary derejede berýär. Häzirki wagtda
gurluşygy dowam edýän täze Onkologiýa merkezi, Kelle we boýun agzalary kesellerini
bejerýän merkez ýakyn ýyllarda halkymyza hyzmat edip başlar. Şeýle hem Aşgabatda
Lukmançylyk uniwersiteti gurlar.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda özüniň işini tölegli hyzmatlar
esasynda amala aşyrýan, dünýä derejesindäki enjamlar bilen abzallaşdyrylan Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz, Mary, Balkan, Lebap saglygy goraýyş
anyklaýyş merkezleri ilatyň saglygyny goramakda, keseliň öňüni almakda we olary öz
7
wagtynda anyklamakda uly ýardam berýän anyk mysallaryň biridir. Şeýle hem
welaýatlarda “Ene mähri” merkezleri ýakyn wagtlarda gurlar.
Ýurdumyzda şypahana hyzmatynyň hilini hem dünýä derejesine ýetirmek üçin
çäreler belledik, şypahanalaryň işleriniň lukmançylyk we ykdysady netijeliligini
ýokarlandyryldy. Hünärmenler tarapyndan ýurdumyzyň şypaberiji çeşmeleriniň
mümkinçilikleri öwrenilýär. “Arçman” we “Mollagara” şypahanalarynyň durkuny
täzeläp, bejeriş binalaryny gurduk. Munuň özi müňlerçe adamlara keselleriň öňüni
almaga we keselden soňky döwürde saglyklaryny dikeltmäge ýardam berdi.
Saglygy goraýşyň ösmegi üçin zerur şertleriň biri-de lukmançylyk ylmynyň
ösmegi bolup durýar.
Ynsan saglygy üçin gyzyldan gymmatly çeşmeleri öz içine alýan, atababalarymyzyň mukaddes mirasyny: Abu Aly ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň
kanunlary” atly 6 kitapdan ybarat 5 tomly ýygyndysyny, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň
“Tebipçiligiň ýan kitaby”, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” we
ençeme bize belli bolmadyk taryhy şahslarymyzyň tebipçilik mirasyny türkmen dilinde
neşir edip, halkymyza ýetirdik.
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň netijeli çözgütlerini ylmy taýdan döwrebap
beýan etmek we hünärmenlere giňden düşündirmek maksady bilen “Türkmenistanyň
lukmançylygy” žurnaly döredildi.
Özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe halkymyza dünýäniň ösen derejesinde
ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin häzirkizaman anyklaýyş we
bejeriş merkezlerinde işleýän ýokary derejede kämil lukmanlary taýýarlamak işine-de
uly üns berildi. Şeýle maksat bilen ýurdumyzyň lukmanlarynyň ençemesi dünýäniň
lukmançylyk taýdan ösen ýurtlarynda (Germaniýa, ABŞ, Ýaponiýa we başg.) iş we
okuw saparlarynda bolup hünärlerini kämilleşdirdiler.
Ýurdumyzda ýokary we orta lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamak we olaryň
kämillik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, TDLI-niň we orta lukmançylyk
mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny girizýäris.
Şeýlelikde, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde
uly üstünliklere ýetmegi başardyk. 1995-nji we 2006-njy ýyllar aralygynda ilatyň
umumy keselçiligi seljerilende ilkinji kesel kesgitlemesi her 100 müň adama
35738,9-dan 23256,8-e çenli, ýagny 35,0% pese düşüpdir. Adamlaryň ortaça ýaşynyň
dowamlygy 71-e ýetdi.
Keselçilik uly adamlarda 33181,3-den 23571,8-e, ýetginjeklerde 14429,8-den
10260,4-ä, çagalarda 40546,2-den 26845,6-e çenli peseldi.
Çaga we eneleriň ölümçiligi her müň diri dogan çagalardaky çaga ölümçiligi
42,2-den 12,1-e çenli, enelerde ol görkeziji her 100 müň dogruma 99,5-den 15,5-e çenli
azaldy.
Maşgala lukmançylygynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde çagalardyr eneler,
aýratyn hem 1 ýaşyna çenli bäbekler uly alada bilen gurşaldy, sanjymlaryň we beýleki
öňüni alyş çäreleriniň wagtynda geçirilmegine pugta gözegçilik ýola goýuldy.
Maşgala lukmanlary özlerine berkidilen çagalary her üç aýdan bir gezek,
ýetginjekleri, önelge ýaşlylary ýylda 2 gezek (her 6 aýdan), uly adamlary ýylda 1 gezek
hökmany suratda toplumlaýyn lukmançylyk barlagyndan geçirip, keselçiligiň irgözin
alamatlaryny anyklaýarlar.
8
Maşgala lukmanlary bilen üpjünçilik 10 müň ilata 6 lukman bolanlygyndan
2010-njy ýyla çenli 10 lukmana barabar bolar.
Ýurdumyzyň ilaty keselleriň öňüni alyş barlaglary bilen gurşalyp alyndy,
keselleriň döremegine getirýän sebäplere garşy göreşmekde öňegidişlikler gazanylyp,
zenanlarda, ýaş çagalarda ýygy duş gelýän ganazlyga garşy çäreler netijesinde bu
keseliň derejesi peseldi.
Enäniň we caganyň saglygyny goramaklyga gönükdirilen “Ene süýdi bilen
iymitlendirmek”, “Immunologiki öňüni alyş”, “Ganazlyk”, “Howpsuz enelik”, “Çaga
kesellerini bitewi alyp barmak” ýaly Milli maksatnamalar enelerde we çagalarda duş
gelýän keselleri azaltmaga ýardam berdi.
Ýurdumyz boýunça ilatyň peýdalanýan nahar duzunyň 100% ýodlanmaklygy
ýola goýlup, ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselçiligiň, çagalaryň boý we akyl
taýdan ösüşiniň yza galmagynyň, galkan görnüşli mäziň keselçiliginiň we ýod
ýetmezçiliginiň öňi alyndy.
Halkara saglygy goraýyş guramalary bilen bilelikde maşgala lukmanlarynyň
çagalara we ululara keseliň öňüni alyş sanjymlary baradaky Milli maksatnamalary ýerine
ýetirmekliginiň netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemeklik azaldy, ysmaz keseli
bilen keselçilik ýok edilip, 2002-nji ýylda ýurdumyza ýiti ysmaz keseliniň döredijisi
ýabany wirusdan azatdygy hakynda Halkara guramasy tarapyndan güwänama berildi.
Ýokanç keselleriň immunologiki öňüni alyş sanjymlarynyň 2003–2020-nji ýyllar
üçin Milli maksatnamasy tassyklandy, şol ýyllar aralygynda gyzamyk keseli boýunça
durnuklylygy gazanmaklyk, 5 ýaşa çenli çagalaryň arasynda täjihorazyň, gökbogmanyň,
hapgyrtmanyň, B wirusly gepatitiň keselçiligini her 100 müň ilata 10-a çenli peseltmek,
çagalarda gyzylja örgün keseline gözegçilik geçirmek we onuň dogabitdi görnüşleriniň
öňüni almak hem göz öňünde tutulýar.
Ýurdumuzda 2002-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndan başlap bäbeklere we 1 ýaşa
çenli çagalara B wirusly gepatite garşy sanjym etmek ýola goýuldy. Ilaty ýokary hilli
sanjym serişdeleri, waksinalar bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek Döwletimiz
tarapyndan kepillendirilýär.
Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen bilelikde “Türkmenistanda
gyzzyrma keseliniň öňüni almak boýunça” Milli maksatnamasyny işläp taýýarladyk we
muny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tassyklady. Türkmenistan 2015-nji ýyla çenli
gyzzyrma keselini ýok etmekde BSGG-niň jarnamasyny kabul etdi.
2000-nji ýylda ýurdumyzyň Drakunkulýoz keselinden azat edilendigi
barasyndaky Halkara gьwдnama BSGG tarapyndan gowюuryldy.
BSGG tarapyndan hasaba alynýan 46 görnüşli ýokanç keselleriň biziň
ýurdumyzda 32 görnüşinden görkezijileriň yzygiderli pese düşmegi bilen, soňky ýyllarda
ysmaz, otbaşy, gökbogma, bürme, guduzlama ýaly keseller düýbünden hasaba alynmady.
Hörezek, gyzamyk, gyzylja örgün we beýleki keseller seýrek duş gelýär.
Inçekesele garşy 1998-nji ýylda DOTC ýörelgesi ornaşdyrylyp, inçekeseliň öňüni
almagyň 2005–2009-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy kabul edilip, keselleýjilik ýyl
saýyn azalýar.
AIDS-iň ýaýramagyna we onuň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreler iş ýüzünde
amala aşyrylyp, Türkmenistan dünýäniň AIDS-iň ýaýramak töwekgelçiligi 0-a deň bolan
az sanly ýurtlarynyň hataryna girýär.
Adamyň saglygy baradaky aladalary öz içine alýan kanunlaryň biri-de 2002-nji
9
ýylda kabul edilen “Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky” Türkmenistanyň
Kanunydyr. Bu Kanuna Türkmenistanyň XVI Halk Maslahatynda üýtgetmeler girizilip,
2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-den döwlet meýletin saglygy goraýyş
ätiýaçlandyrmasyna şertnama baglaşan raýatlaryň töleýän ätiýaçlyk gatanjy 4%-den
2%-e çenli azaldyldy, şeýle hem Saglyk ätiýaçlandyryş pasporty bar bolan raýatlara we
olaryň eklenjindäkilere tölegli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan berilýän ýeňillikler
30%-den 50%-e çenli ýetirildi.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaryň işlerini özara utgaşdyryp,
ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgün-kadalaryny berjaý etmekde
oňaýly şertleri döretmek maksady bilen:
1) lukman hünärmenleri üçin okuw maksatnamalaryna täzeden garalyp, sagdyn
adamlaryň saglygyny goramak hem-de berdaşlandyrmak, sagdyn durmuş
ýörelgeleri boýunça okuw sapaklarynyň sany we netijeliligi artdyryldy;
2) rejeli iýmitlenmek, azyk önümleriniň düzümi, olaryň ähmiýeti baradaky ilat
düşünjeliligi ýokarlandyryldy;
3) mekdebe çenli edaralarda we mekdeplerde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny
nazara alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini öwretmek;
4) söwda edaralarynda saglyga zeper ýetirýän harytlara (temmäki önümlerine,
şeraply içgilere) goşmaça salgytlar girizildi;
5) köçe-ýol hereketinde saglyga täsirli kadalary (köçe-çatryk – geçelge
hereketleri, ýol çyzyklaryny goýmak we başg.) ýola goýuldy;
6) zähmet howpsuzlygynyň berjaý edilmegi;
7) zähmet hünärmen zäherleriniň ýüze çykmazlygy gazanylyp, hünärmen
keselçiliginiň doly öňi alyndy;
8) atmosfera howasynyň arassalygyny gorap saklamak babatdaky geçirilen
çäreler, ýagny iri zawod-fabrik howany hapalaýjy çeşmeler ilatly zolaklardan
çetleşdirilip göçürildi (Abadan sement zawody), täzeden guraldy (tekstil
toplumlary, Ruhubelent gök önümi gaýtadan işleýän toplum we başg.);
9) ýaşaýyş jaýlarynda, zähmet zolaklarynda, sport-oýun meýdançalarynda, dynç
alyş meýdançalarynda saglyga täsirli howplaryň öňüni alyp, ýekeje-de howply
ýagdaýlaryň duşmazlygy gazanyldy.
Netijede, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerimde ähli ilat köpçüligine
ornaşdyrylmagy sagdyn adamlaryň beden saglygyny berdaşlandyrmagyna, işe
ukyplylygynyň ösmegine we ruhubelentligiň döremegine getirdi.
Göz kesellerinde, körlüge we pes görüjilige garşy çäreler hem “Saglyk” Döwlet
maksatnamasynyň çägindäki baş wezipeleriň biri bolup, ýurdumyzda göz keselçiliginiň
ýaýraýyş derejesi anyklanyp, pesgörüjilige hem-de körlüge getirýän keselleriň öňüni
almaklygy hem-de bejermek arkaly ikinji öňüni alyş çäreleri ylmy esasda düzülip, häzir
oftalmologiýa gullugynyň gaýragoýulmasyz ugurlary diýlip gözüň optiki gatlaklarynyň
keselleri, gözüň garasuw keselleri, göz düýbüniň hem-de köküniň keselleri we çagalaryň
göz keselleri hasaplanýar.
Onkologiýa keselleriniň öňüni almak boýunça welaýat merkezlerinde onkologiýa
hassahanalary, etrap-şäher onkologiýa otaglary açylyp, olaryň öňüni alyş wezipeleri
takyk bellenip, kämilleşdirilen hünärmenler bilen üpjün edilip, howply täze döremelere
garşy göreş alnyp barylýar. Şu döwürde Diýarymyzda ilatyň howply täze döremeler
(HTD) bilen keselleýjiligi 43,3% peselip, onkologiki kesellerden ölümçilik 43,6%
10
kemeldi. Bu netijeler onkologiýa ulgamynyň häzirkizaman talaplaryna gabat gelýän,
abzallaşdyrylan, has kämil düzümini guramak bilen gazanyldy. Şeýle çäreleriň
çäklerinde düýpli ylmy-barlag işleri çuňlaşdyrylyp, saglygy goraýşyň amaly talaplary öňe
sürlüp, HTD-leriň öňüni alyş, irgözin anyklaýyş-bejeriş işleri has-da güýçlendiriler.
Çagalarda we ýetginjeklerde duşýan keselleriň öňüni almak boýunça bilim
bermek taslamalary düzülip, Mukaddes Ruhnamanyň terbiýeçilik baradaky ähli parçalary
çuňňur özleşdirilýär.
Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş YKM-inde
maşgala nesil saglygyny goraýan merkez döredilip, welaýat, etrap “Nesil otaglary”
arkaly çagalary bolmaýan ýaş çatynjalara maslahat hemaýat beriş işleri ýola goýuldy.
Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş-hal ýagdaýlaryna-da uly üns berilýär. Olar
üçin 50% ýeňillikli nyrhlar bilen has oňaýly, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan
özboluşly belent ýaşaýyş jaýlarynyň 4-si gurlup, ulanmaga tabşyryldy.
Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň esaslandyran Garaşsyz, Baky Bitarap
Türkmenistan Diýarymyzda, Mukaddes Ruhnamanyň – ruhy şamçyragymyzyň her bir
ynsanyň aňyna ornaýan zamanasynda adamlaryň baş saglygy XXI asyryň – türkmeniň
Altyn asyrynyň berk binýady bolar.
Kabul edilen wagty
2006-njy ýylyň
Bitaraplyk aýynyň 11-i
G.Berdimuhammedov
HEALTHY NATION IS THE BASIS FOR THE GOLDEN AGE OF THE
TURKMEN PEOPLE
When inspired by the state medical program “Health”, public health officials as well
as those engaged in drug production do everything in their power to implement the
activities aimed at promoting health of people, taking preventive measures, diagnosing and
treatment. The state program “Health” sets priorities of phased health system development
as well as home-grown medicine products.
One of the most important trends in the health system has always been preventive
maintenance. According to statistical data as a result of timely diagnostication common
sickness rate decreased from 35 738,9 people in 1995 to 23 556,8 people in 2006, that is
one person in a thousand (35%).
Due to family doctors service the adult sickness rate among grown-up population,
youths, children has been reduced.
32 infectious diseases out of 46 registered by World Health Organization
demonstrate a strong tendency to decrease. No one case of poliomyelitis, anthrax, pertussis,
tetanus or bate has been registered lately. There have been registered rare cases of
diphtheria, measles, rubella, etc.
Due to preventive maintenance Turkmenistan is considered a country with a low
risk of spreading AIDS.
The ophthalmic diseases survey made it possible to take preventive measures against
blindness or vision degradation. At present much attention is paid to treatment and
prophylaxis of glaucoma, eye grounds pathology as well as children’s eye diseases.
11
There has been a 43,3 percent decrease in the number of cases of cancer. Cancer
mortality has fell to 43,6%. These positive changes have been achieved due to modern
medical facilities, participation in research and development, timely diagnostication of
cancer and preventive maintenance. This work is supposed to be continued.
According to Turkmenistan law “On the protection of citizens’ health” all working
people and their dependants who have a medical insurance police should be provided with
qualified medical service at a 50% discount on all kinds of charged medical service.
Large medical centers which meet the world standard requirements and are
equipped with modern technique have been put into being lately. Among them there is a
Somatic Diseases Center, Medical Diagnostic Center, “Ene Mahri” Clinical Center of
Maternity and Child Health and others.
The construction of the Oncology Center, the Neurosurgery Center as well as
Medical Diagnostic Centers in the welayats will provide great assistance in preventing
diseases and their timely diagnosis. One of the most important directions is launching the
scientific research investigations on production of medicine using the local raw materials
of vegetation and animal origin.
Well coordinated Turkmenistan healthcare system is creating favourable conditions
for large scale propaganda of healthy way of life, strengthening physical and spiritual health
and increasing capacity building of the nation. A significant role is being played by the
Paths of Health, new-built stadia, swimming-pools and many others. Popularization of the
works of the famous Turkmen physicians, their translation into the Turkmen language and
publication (see 5 volumes of Abu Aly Ibn Sina’s “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”,
Seyit Ysmayyl Gurgen’s “Tebipçiligiň ýan kitaby”, Muhammet Gaýmaz Turkmen’s
“Pygamber tebipçiligi” and others) – is the new achievement of the Turkmen medical
service and medical science. Moreover, “Türkmenistanyň lukmançylygy” magazine is a
certain contribution into the realization of the state “Health” programme nowadays.
Г.Бердымухаммедов
ЗДОРОВЬЕ НАСЕЛЕНИЯ – ОСНОВА ОСНОВ ЗОЛОТОГО
ВЕКА ТУРКМЕН
Одной из первых Государственных программ Независимого Туркменистана,
разработанной под руководством автора является программа “Здоровье”, успешная
реализация которой стала решающим этапом в создании и развитии национальной
модели здравоохранения, объединяющей в себе опыт мудрых предков и
современных тенденций мирового здравоохранения. Под руководством автора
осуществлён также комплекс мероприятий по реализации данной программы,
активизирована работа по всем направлениям от профилактики и диагностики
болезней до их лечения и укрепления здоровья всего населения. Благодаря этому
и в результате принятия мер по раннему диагностированию болезней общая
заболеваемость по статистическим данным за период с 1995 по 2006 год снизилась
с 35 738, 9 до 23 556, 8 человек на каждые 100 тысяч населения, т.е. на 35%. Этому
в немалой степени способствовала активизация службы семейных врачей.
В стране из 46 видов зарегистрированных ВОЗ инфекционных болезней 32
вида имеют ст абильную тенденцию к снижению и в последние годы не
зарегистрировано ни одного случая заболевания полиомиелитом, сибирской язвой,
коклюшем, столбняком, бешенством. Зарегистрированы единичные случаи
12
дифтерии, кори, краснухи. Туркменистан относится к числу стран с наименьшим
риском распространения СПИДа.
С целью профилактики анемии и йододефицитных заболеваний был
обоснован наиболее целесообразный способ – йодирование пищевой соли и
обогащение железом муки, производимой в стране. Туркменистан – четвёртая
страна в мире и первая в СНГ, которая освоила промышленное производство этих
продуктов.
Благодаря научно обоснованным мероприятиям по профилактике
заболеваний, приводящих к слепоте и к снижению остроты зрения и внедрению
новых методов, предложенных отечественными учёными, получены
положительные результаты в лечении глаукомы, патологии глазного дна и детских
глазных болезней.
На 43,3% снизилась заболеваемость раком и на 43,6% уменьшилась
смертность от онкологических заболеваний. Это достигнуто благодаря оснащению
онкологической службы современным оборудованием, углублению научноисследовательских работ и совершенствованию системы практических
мероприятий по профилактике и раннему диагностированию рака.
В соответствии с законом Туркменистана “Об охране здоровья граждан”
льготы на платные медицинские услуги доведены до 50% для граждан, имеющих
медицинский страховой полис, а также для находящихся на их иждивении членов
семьи.
Достигнутые результаты во многом обусловлены эффективной работой
рекомендованых автором и введённых в эксплуатацию крупных медицинских
центров,
соответствующих мировым стандартам и оснащенных
наисовременнейшим оборудованием, таких как Центр внутренних болезней,
Лечебно-диагностический центр, Центр здоровья матери и ребёнка “Эне мяхри” и
других в Ашхабаде и велаятах. Дальнейшему совершенствованию отечественного
здравоохранения будет способствовать строительство Онкологического центра,
Центра нейрохирургии, а также лечебно-диагностических центров и центров
матери и ребёнка в велаятах. Важнейшим направлением т акже является
формирование научных исследований, направленных на производство
медикаментов из местного сырья растительного и животного происхождения.
С целью изучения и пропаганды научного наследия прославленных
туркменских целителей впервые переведены и под редакцией автора изданы на
туркменском языке труды Абу Али Ибн Сины “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”,
а при непосредственном руководстве – книга Сейит Исмаила Гургенли “Tebipçiligiň
ýan kitaby”, Мухаммет Гаймаз Туркмена “Pygamber tebipçiligi” и др.
Практической реализации и широкомасштабной пропаганде здорового
образа жизни и способствуют созданный научно-популярный журнал
“Türkmenistanyň lukmançylygy”, водно-оздоровительные комплексы и стадионы,
“Дорога Здоровья”, введённые в действие за последнее десятилетие.
Здоровье нации – это самое главное богатство страны, основа основ его
процветания. Реализуемая под руководством автора программа “Здоровье” и в
дальнейшем будет одним из главных приоритетов государственной политики.
13
A.Durdyýewa, G.Çaryýewa, G.Ataýewa, H.Gurbanow
BEDENIŇ MOLEKULÝAR DARTGYNLYGYNY ÖWRENMEKLIGIŇ
AMALY LUKMANÇYLYKDA ÄHMIÝETI
Iýmit maddalaryndan energiýa öndürmeklik üçin we zäherli birleşmeleri doly
utilizirlemek üçin bedende köpsanly okislenme özgerişmeleri geçýär. Bu hadysalar,
belli bir öýjüge ýa-da agza we dokuma mahsus bolman, bedeniň ähli öýjüklerinde
we öýjügara giňişliklerde üznüksiz ýagdaýda geçýär. Bedende organiki birleşmeler
okislenende, olardan boşaýan elektronlaryň soňky kabul edijisi (akseptory) bolup diňe
kislorod çykyş edýär we suwuň emele gelmegi bilen tamamlanýar. Şol kislorodyň
çeşmesi, dem alyş bilen atmosferadan bedene düşýän molekulýar kisloroddyr.
Molekulýar kislorod özüniň gurluşy we özgerişmelere gatnaşmaklyk ukyby boýunça
örän inert maddadyr. Emma molekulýar kislorod bedene düşenden soňra, birnäçe
fermentleriň we işjeň birleşmeleriň gatnaşmagynda işjeňleşip, onuň köpsanly ýokary
derejede özgerişmä ukyply işjeň görnüşleri emele gelýär. Şol sanda kislorodyň
& − ) , wodorodyň perekisi (H O ), gidroksil radikaly (O& H ) ,
superoksid radikaly (O
2
2 2
singlet kislorody (O2) we başgalary emele gelýär. Bu hadysa adaty geçýän kadaly
hadysadyr. Emele gelýän kislorodyň işjeň görnüşleriniň köpüsi durnuksyzdyr. Emma
şol önümleriň iň durnuklysy wodorodyň perekisidir [1-4].
Dörän perekis radikal perdejigiň lipid gatlagynyň doýmadyk ýag turşusy bilen
täsirleşip, lipid radikalyň döremegine alyp barýar:
& + R → H O + R& .
HO
2
2 2
Kislorodyň bolmagynda erkin radikal lipidleriň erkin perekis radikalynyň
döremegine getirýär:
& .
R& + O2 → RO
2
Perekis radikal ýag turşularynyň (RH) täze molekulasy bilen täsirleşip,
lipidleriň gidroperekisiniň (ROOH) we täzeden lipidleriň erkin radikalyny (R)
döredýär.
Şeýlelikde, täze-täze zynjyrlar döräp, okislenme hadysa öjügip gidýär. Bu
hadysa, esasan-da, doýmadyk, düzüminde birnäçe jübüt baglanyşyklary saklaýan linol,
linolen, arahidon ýaly ýag turşulary işjeň gatnaşýar [5].
Bedende erkin radikal okislenme hadysasyny güýçlendirýän birleşmelere
prooksidantlar diýilýär. Erkin radikal okislenmäniň geçişine päsgelçilik döredip, ol
hadysany ingibirleşdirýän maddalara antioksidantlar diýilýär. Ýaşaýyş ulgamynyň
antioksidant birleşmeleri, özüniň häsiýetleri boýunça, iki topara: ýagda ereýän we
suwda ereýän antioksidant birleşmelerine bölünýär. Ýagda ereýänlere witaminler
E, A, K, ubihinon, sterinler we fosfolipidler degişlidir. Suwda ereýänlere düzüminde
kükürt saklaýan birleşmeler (glutation, sistein, sistin, tiol-proteinler we başgalar),
witaminler C, B6, PP, biogen aminleri (serotonin we başgalar) degişlidir.
14
(Radikal) R
-CH=CH – CH2 (Doýmadyk ýag kislotasynyň
zynjyry)
RH
CH=CH-CHO2
OO
-CH=CH – CH –
RH
R -
Zynjyrly täsirleşmäniň ösüşi
OOH
-CH=CH – CH -
O
-CH=CH – CH - + OH
(Autokataliz)
Bulardan başga-da, bedeniň antioksidant ulgamynyň düzümine selen ýaly
mikroelement, melanin pigmentleri we antioksidant fermentleri (katalaza peroksidaza,
glutationreduktaza, superoksiddismutaza we başgalar) degişlidir [4, 6, 7].
Antioksidant ulgamynyň gatnaşmagynda erkinradikallaryň düzümleri, olaryň täsir ediş
merkezleri özgerişdirilýär, erkinradikal okislenmäniň lipidleriň perekis okislenmesine
geçmekligine päsgelçilik döredip, zynjyryň üzülmegine alyp barýar. Hadysanyň
netijesinde emele gelen zäherli önümler, antioksidant birleşmeleriň täsirinde zähersiz
maddalara öwrülip, bedenden çykarylýar. Öýjükde, dokumada we, umuman, bedende
erkinradikal okislenme hadysasynyň ýitiligi antioksidant ulgamyň mukdar taýdan
kuwwaty bilen belli bir aragatnaşykdadyr. Şol aragatnaşyk hem öýjügiň, dokumanyň
we umumy bedeniň antioksidant statusyny kesgitleýär.
Şeýlelikde, bir tarapdan, bedeniň okislenme hadysalary we, beýleki tarapdan
bolsa, antioksidant ulgamy bedende özboluşly “buffer” ulgamyny düzýär. Şol
ulgamyň sygymlylygy hem bedende täsir edýän dürli ekstremal täsirlere bedeniň
durnuklylygyny kesgitleýär. Şu birleşmeleriň biri-birine bolan aragatnaşygy hem
umumy bedende molekulýar dartgynlygyň ýagdaýyny kesgitleýär we içki stress
ýagdaýyň döremekligine alyp barýar [8].
Daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýynyň agyrlaşmagy, ylmy-tehniki ösüşiň
netijesinde psihiki-emosional täsirleriň güýçlenmegi we antropogen faktorlaryň
täsirinde ýaşaýyş gurşawyň ýokary derejede hapalanmagy, adam bedeniniň
molekulýar dartgynlygyny güýçlendirip, içki stresiň döremegine getirmegi mümkindir.
Şeýle ýagdaýyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri hem bedeniň antioksidant
ulgamynyň kuwwatynyň peselip, öýjükde okislenme hadysalarynyň güýçlenmegidir.
Soňra hem onuň erkinradikal okislenmä öwrülip, öýjük perdejikleriniň lipid
gatlaklarynyň perekis okislenmesiniň netijesinde öýjügiň zeperlenmegine alyp
barmaklygydyr. Lipidleriň perekis okislenmesiniň güýçlenmekligi köp keselleriň
15
patogenezinde hem uly orny eýeleýär. Birnäçe alymlaryň pikirleri boýunça, erkin
radikallar ýüzden köpräk dürli keselleriň patogenezine gatnaşýar. Şonuň üçin hem
bedeniň umumy antioksidant ulgamynyň ýagdaýyny we lipidleriň perekis
okislenmesiniň derejesini häsiýetlendirmek, köp dürli patologiýalaryň döremekliginde,
profilaktika çärelerini işläp düzmekde, amaly lukmançylykda wajyp meseleleriň
biridir [9].
Lipidleriň perekis okislenmesiniň tizligini öwrenmeklik üçin köpsanly tilsimler
işlenip düzülendir. Olardan öýjük perdejiginiň düzümindäki lipidleriň
molekulalarynyň gurluşynyň üýtgemekliginiň derejesini kesgitlemek, dokumanyň
antiokislitel işjeňligini barlamak, lipidleriň perekis okislenmesiniň ilkinji önüminiň
(dien konýugatlary) mukdaryny ýa-da soňky önüminiň (lipidleriň gidropereksiniň we
malon dialdegidiň) mukdaryny kesgitlemek ýaly usullary ulanylýar. Lipidleriň perekis
okislenmesiniň amatsyz netijesiniň biri bolup, malon aldegidiniň emele gelmegi hasap
edilýär. Bu madda, radikallaryň täsir etmeginde, doýmadyk poliýen kislotalaryň
üzülmegi bilen emele gelýändir. Malon aldegidi bifunksionaldyr:
HC-CH=CH-OH ===== HC- CH2 - CH
||
||
||
O
O
O
Ol proteinleriň aminotoparlary bilen birleşip, suwda eremeýän, könelmek
pigmentleri ýa-da lipofussinler atly lipoproteid komplekslerini döredýär [5].
Işiň maksady. Bedeniň umumy antioksidant ulgamynyň ýagdaýyny we
lipidleriň perekis okislenmesiniň tizligini öwrenmek üçin, hadysanyň soňky önümi
bolan, malon dialdegidiň mukdaryny ganyň plazmasynda kesgitlemek bilen geçirmek.
Barlaga Mary we Daşoguz welaýatlaryndan gelen, ýaşy 18-27 aralykda,
Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň birinji okuw ýylynyň amaly taýdan sagdyn,
jemi 45 (15 oglan we 30 gyz) talyby gatnaşdy.
Barlagda ulanylan usullar we tilsimler. Malon dialdegidiniň mukdaryny
kesgitlemek usuly, birleşmäniň ergininde tiobarbitur turşusy bilen täsirleşende,
gyrmyzy reňkli trimetinil toplanmasyny emele getirmeklik ukybyna esaslanandyr.
Toplanma, şöhle spektorynyň 530–532 nm uzynlygynda, şöhle tolkunyny
maksimal siňdirýändir. Erginiň reňki malon dialdegidiň mukdaryna proporsionaldyr
we onuň molýar siňdiriş koeffisiýenti hem 1,56×105 mol/l deňdir.
Amaly taýdan malon dialdegidiň mukdaryny ganyň plazmasynda kesgitlemek,
şeýle alnyp baryldy. Barlag geçirilýän talybyň ertir irden nahardan öň, damaryndan
aseptiki ýagdaýda, gepariniň ergini bilen çaýkalan probirka 2-3 ml gany alyndy. Gan
5 minudyň dowamynda 3000 aýlaw/min tizlik bilen sentifugirleşdirildi. Malon
dialdegidiniň mukdary ganyň plazmasynda kesgitlenildi. Probirka 0,3 ml plazma
alyndy, üstüne 2,4 ml kükürt turşusynyň (H2SO4) 1/12 N ergini we 0,3 ml fosforlywolfram turşusynyň 10% ergini guýuldy, oňat garyldy we 10 min geçenden soňra
3000 aýlaw/minutda tizlik bilen 10 minudyň dowamynda sentrifugirläp, çökündi
alyndy. Sentrifugat bolsa taşlanyldy. Çökündi her gezek 1 ml suw bilen iki gezek
ýuwuldy. Ýuwlan çökündi 3 ml suw bilen garyldy we üstüne hem täze taýýarlanan
16
1 ml tiobarbitur turşusynyň, sirke turşusynda taýýarlanan (80 mg tiobarbitur turşusyny
gyzgyn ýagdaýda 5 ml H2O we 5 ml konsentrirlenen sirke turşusynda eredilýär),
suwly ergini goşuldy. Erginiň reňkleşme özgerişmesi ýapyk himiki probirkada 960C
gyzgynlykda 60 min dowamynda geçirildi. Ergin, sowuk suwda sowadylandan soňra,
15 min 3000 aýlaw/min tizlik bilen sentrifugirleşdirildi. Erginiň optiki dykyzlygy 532
nm şöhle tolkunynyň uzynlygynda spektrofotometrde, şöhläniň optiki ýolunyň
uzynlygy 10 mm deň kýuwetede ölçelinip, malon dialdegidiniň mukdary onuň molýar
siňdiriş koeffisiýentiniň esasynda hasaplanyldy.
Barlagda alnan maglumatlaryň netijeleri (tablisada görkezilen), ýagny
barlaga gatnaşan talyplaryň ganynyň plazmasynda malon dialdegidiniň mukdary 1,127,69 mkmol/l aralykda boldy. Malon dialdegidiniň mukdary Mary welaýatyndan gelen
talyplaryň ganynda ortaça 2,7 mkmol/l we Daşoguz welaýatyndan gelen talyplaryň
ganynda bolsa 3,32 mkmol/l deň boldy. Malon dialdegidiniň mukdary Daşoguz
welaýatyndan gelen talyplaryň ganynda Mary welaýatly talyplaryňky bilen
deňeşdirilende 23% ýokary netije görkezdi. Barlaga gatnaşanlaryň jynsy
aýratynlyklary hem malon dialdegidiniň mukdaryna belli bir derejede täsir
edýändikligini görkezdi. Mary welaýatyndan gelen oglanlaryň ganynda malon
dialdegidiniň mukdary 2,89 mkmol/l deň bolan bolsa, gyzlaryň ganynda ol görkeziji
2,43 mkmol/l deň boldy. Umuman alnanda, oglanlaryň ganynda gyzlaryňka garanyňda
antioksidant ulgamyň soňky önüminiň mukdary ep-esli ýokary derejäni görkezdi.
Barlaga gatnaşan talyplaryň ganynda malon dialdeginiň mukdary (mkmol/l)
Barlagyň
geзirilen
dцwri
2004–2005
okuw эyly
Barlaga gatnaşan
talyplar
Talyplaryň
sany
Malon
dialdegidiniň
ortaзy mukdary
Netijäniň welaýatlar
boэunзa tapawudy
(%)
Mary welaэatyndan
gelen talyplar
19
2,7
-23,0
26
3,32
+23,0
Daşoguz
welaэatyndan gelen
talyplar
Mälim bolşuna görä, bedeniň antioksidant ulgamynyň ýagdaýyny
häsiýetlendirýän görkezijiler öýjük metabolizminiň, esasan-da, oksidant we
antioksidant ulgamlary bilen baglanyşykly geçýän molekulýar dartgynlygyň belli bir
derejesiniň netijesidir. Barlagda alnan netijeler hem görkezýär, ýagny Daşoguz
welaýatyndan gelen talyplaryň bedeniniň molekulýar dartgynlyk derejesi Mary
welaýatyndan gelen talyplar bilen deňeşdirilende 23% ýokary. Şeýlelikde, barlanan
talyplaryň bedeninde belli bir derejede içki stres ýagdaýynyň bardygy kesgitlenildi
we onuň derejesi hem Daşoguz welaýatyndan gelen talyplarda birnäçe esse ýokary
derejede duýulýar.
Bedende molekulýar dartgynlygyň döremekligine dürli ýagdaýlar, esasan-da,
daşarky gurşawyň ekstremal ýagdaýlarynyň, şol sanda ýokary gyzgynlygyň, ýaşaýyş
gurşawynyň we iýmit önümleriniň sanitariýa we gigiýena görkezijileriň kadaly
17
derejeden dowamly üýtgemeklikleri we başgalar esasy sebäp bolup durýar. Şu
nukdaýnazardan, barlag işlerimizi daşarky gurşawyň (howanyň ) gyzgynlyk derejesi
birnäçe aşaklan döwründe, ýagny Sanjar we Garaşsyzlyk aýlarynda geçirdik. Emma
iýilýän iýmitiň, içilýän suwuň we howanyň edýän täsirini anyklamaklyk üçin degişli
barlaglary geçirip bilmedik. Şeýle bolsa-da alnan netijeler Daşoguz welaýatynyň
ilatynyň bedeninde belli bir derejede molekulýar dartgynlygyň bardygyny görkezdi.
Bu netijeler saglygy goraýyş ulgamynyň sanitariýa we gigiýena barlag işlerine we
bejeriş işlerini guramaklyga ýardam eder diýip tamamyz bar.
Barlagyň umumy netijeleri
1. 45 talybyň ganynda malon dialdegidiniň mukdaryny kesgitlemek bilen
bedeniň umumy antioksidant ulgamynyň ýagdaýy öwrenildi. Bedeniň
antioksidant statusyny öwrenmekligiň netijesinde Daşoguz welaýatyndan
gelen talyp ýaşlaryň bedeninde belli bir dereje molekulýar dartgynlygyň,
ýagny içki stres ýagdaýy barlygy duýuldy.
2. Ilatyň belli bir toparlarynda içki stres ýagdaýyny malon dialdegidiň
mukdaryny kesgitlemek bilen öwrenmeklik, şol toparlarda öýjük
metabolizminiň üýtgemekligi bilen baglanyşykly patologiýanyň profilaktiki
çärelerini işläp düzmeklige giňden ýardam etmekligi mümkindir.
Teklipler we maslahatlar. Öýjük metabolizminiň üýtgemekligi bilen, esasanda, oksidasiýa hadysalarynyň güýçlenmekleri bilen geçýän patologiýalarda, şol sanda
ýürek-gan aýlanyş we nerw ulgamlarynyň patologiýasynda, diabet we başga keselleriň
geçişinde antioksidant ulgamynyň sygymlylyk kuwwatyny ýokarlandyrmak çärelerini
alyp barmaklygy maslahat bermeli. Şonuň üçin hem şol keselleriň bejeriş çärelerinde
antioksidant häsiýetli witaminleri (E, C, A), seleniň we selenidleriň derman
önümlerini ulanmaklygy maslahat bermeli.
Tьrkmen dцwlet
lukmanзylyk instituty
Kabul edilen wagty
2006-njy ýylyň
Bitaraplyk aýynyň 21-i
EDEBIÝAT
1. Журавлёв А.И. Биоантиокислители в регуляции метаболизма в норме и
патологии. – М., 1982.
2. Казначеев В.В., Михайлова Л.П. Биоинформационная функция
естественных электромагнитных полей. – Новосибирск, 1985.
3. Величковский Б.Г. Молекулярные и клеточные основы экологической
пульмонологии // Пульмонология, 2000. №3.
4. Internet (informasiýa).Witamin E, http://www.mikosid. ru/info – e. htm.
5. Мецлер Д. Биохимия. Химические реакции в живой клетке. Том 2. – М.:
Мир, 1980.
18
6. Абрамова Ж.И., Оксигендлер Г.И. Человек и противоокислительные
вещества. – Л.: Наука, 1985.
7. Строев Е.А., Макарова В.Г. Практикум по биологической химии. – М.,
1986.
8. Соколовский В.В. Тиоловые антиоксиданты в молекулярных механизмах
неспецифической реакции организма на экстремальное воздействие //
Вопр.мед.химии, 1988. №1.
9. Федин А.И. Тема – неврология и нейрохирургия / Оксидантный стресс и
применение антиоксидантов в неврологии http://www.Dr sex./ru/go/g php.
Shop= med linsk & s url=http// www med linsk.
A.Durdyyeva, G.Charyyeva, G.Atayeva, Kh.Kurbanov
MOLECULAR TENSION OF ORGANISM AND SIGNIFICANCE OF
ITS STUDY FOR PRACTICAL MEDICINE
Intensification of lipids peroxide oxidation (LPO) play a significant role in
many diseases pathogenesis. According to the opinion of some scientists, free radicals
take place in the development of more than 100 different diseases.
Physiologically anti-oxidate system of organism is a joint hierarchy of
protective mechanism of cells, tissue, organs and system, aimed to support the
organism’s reaction in norm. Thus the state of anti-oxidate system of organism in
general and the LPO rate play an important role in solving such issues of practical
medicine as elaboration of different pathology prophylaxis measures.
The article reveals the method of defining the quantity of malon dialdegid
based on – e = 1,56 · 105 sm-1 · M-1. Molar coefficient of extinction. Tests were
carried out on practically healthy first-year students of the Medical institute: 15 boys
and 30 girls.
Concentration of malon dialdegid in the blood of Dashouguz velayat
representative exceed its concentration in the blood of Mary velayat students (3,32
mcmol/l against 2,7 mcmol/l) which is connected to some extant with the results of
molecular tension. The molecular tension role of Dashouguz studentsis 20% higher
the Mary students’. Thus, inside oxidate stress is characteristic to Mary group. The
study of such state through determination of malon dialdegid would further the of
preventing methods of pathologies caused by changes of cell metabolism and
oxidation process in particular.
19
А.Дурдыева, Г.Чарыева, Г.Атаева, Х.Курбанов
МОЛЕКУЛЯРНАЯ НАПРЯЖЁННОСТЬ ОРГАНИЗМА И ЗНАЧЕНИЕ
ИЗУЧЕНИЯ ЭТОГО ВОПРОСА В ПРАКТИЧЕСКОЙ МЕДИЦИНЕ
Усиление перекисного окисления липидов (ПОЛ) занимает значительное
место в патогенезе многих заболеваний. По мнению некоторых учёных
свободные радикалы участвуют в механизме развития более 100 различных
болезней. Существующая в организме физиологическая антиоксидантная
система представляет собой совокупную иерархию защитных механизмов
клеток, тканей, органов и систем, направленных на сохранение и поддержание
в пределах нормы реакций организма. Сохранение окислительно –
антиоксидантного равновесия является важнейшим механизмом гомеостаза
живых систем. В этой связи, характеристика состояния общей антиоксидантной
системы организма и степени ПОЛ играет важную роль в решении таких
вопросов практической медицины как разработка профилактических мер
различных патологий.
Известно множество методов изучения скорости ПОЛ. В данной работе
с этой целью в плазме крови определяли количество малонового диальдегида,
являющегося конечным продуктом процесса. При высокой температуре в кислой
среде малоновый диальдегид реагирует с 2-тиобарбитуровой кислотой, образуя
окрашенный триметиновый комплекс с максимумом поглощения при 532 нм.
Молярный коэффициент экстинкции этого комплекса – е = 1,56 · 105 см-1 · М-1.
На этом основании в работе использован метод определения количества
малонового диальдегида. Исследования проводили на практически здоровых
студентах – первокурсниках медицинского института (15 ребят и 30 девушек).
Обнаружено некоторое повышенное содержание малонового диальдегида
в крови студентов из Дашогузского велаята по сравнению со студентами из
Марыйского велаят а (3,32 мкмоль/л против 2,7 мкмоль/л). Изменение
показателей, характеризующих состояние антиоксидантной системы организма,
является в определённой степени следствием молекулярного напряжения,
обусловленного некоторым разбалансированием клеточного метаболизма с
участием в том числе, оксидантов и антиоксидантов. Результаты
свидетельствуют, что степень молекулярного напряжения у студентов из
Дашогуза более чем на 20% выше таковой у студентов из Мары, что указывает
на наличие у этой группы студентов состояния так называемого оксидантного
внутреннего стресса. Предполагается, что изучение подобного состояния у
определённой группы населения путём определения малонового дильдегида
поможет разработать мероприятия по профилактике патологий, связанных с
изменением клеточного метаболизма и процессов окисления в частности.
20
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA
НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ
SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN
№2
2007
HALK MASLAHATYNYŇ ЗЦZGЬTLERI WE KANUNLARY
DURMUŞA ORNAŞÝAR
Tьrkmenistanyň XX Halk Maslahatynda kabul edilen зцzgьtleriň we
kanunlaryň durmuşa geзirilmeginiň hem-de Tьrkmenistanyň Prezidentiniň oba
hojalygyny dьэpli цzgertmek baradaky aladalarynyň giň gerim alэan gьnlerinde
Tьrkmenistanyň Prezidentiniň эanyndaky Ylym we tehnika baradaky Эokary geňeş
Tьrkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen bilelikde “Ylmyň gazananlaryny
цnьmзilige ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden эokary hasyl almagyň
girewidir” atly ylmy maslahat geзirdi. Oba hojalygynyň ähli pudaklaryny цsdьrmek
ьзin tдze цzgertmeleri girizmдge bagyşlanan bu maslahatda toplanan tejribeler,
цnьmзilige gaэragoэulmasyz ornaşdyrylmaly ylmy garaэyşlar, ylmy зцzgьtler orta
atyldy we geзirilmeli здreler anyk bellenildi. Biz hem ћurnalyň şu sanynda maslahata
gatnaşan alymlaryň we hьnдrmenleriň зykyşlarynyň gyşgajyk beэanynyň kдbirini
okyjylaryň dykgatyna hцdьrleэдris.
D.Berdimyradow
ÝAŞ GOWAÇANYŇ IDEDILIŞI
Çuň sürlüp, endigan tekizlenen, ýuwuş we tagt suwy tutulan ýerlerde ýokary hilli
geçirilen ekiş gowaçalaryň hatarlary dolduryp köpçülikleýin gögerip çykmagyny üpjün
edýär. Täze gögeren ýaş gowaçanyň idedilişine aýratyn üns bermelidir. Çünki, bu döwürde
ýer eýeleri el güýjüni köp ulanmaly bolýarlar.
Gowaçanyň kadaly gürlügini almak üçin geçirilýän iň jogapkärli agrotehniki çäräniň
biri hem ýekelemekdir. Bu möhüm çäräni geçirmegiň iň oňaýly wagty, hatarlarda doly
gögeriş alnandan başlap, gowaçalarda iki-üç hakyky ýaprak emele gelýän wagtyna çenlidir.
Gowaçalar gijikdirilip ýekelense, ol diňe hasyllylygyň kemelmegine getirýär.
Ýekelemek işleriniň netijesinde gowaçalaryň kadaly gürlügini gazanmalydyr. Her
gektarda 110 müň düýp almak ьзin, gowaзalar hatararasy 60 santimetr setirlere ekilende,
her 13-15 santimetrden, giňligi 90 santimetr bolan hatararalarynda 8-10 santimetrden bir
dьэp galdyrmak bolar.
Şunuň ýaly gürlükde saklanyp galan ýaş gowaçalaryň oňat ösüp, beýleki ösüş
döwürleriniň hem öz wagtynda bolmagyny üpjün edýär.
Ýaş gowaçalar ýekelenende gowşak ösen, keselli ösümlikleri el bilen goparyp,
sagdyn ösümlikler saýlanyp goýulmalydyr. Bu döwürde ýaz otlarynyň gögerip çykmagyna
ýol berilmeli däldir. Şonuň üçin ýekelemek bilen bir wagtda otag işlerini alyp barmak
maksada laýykdyr. Irki ýaz otlary toprakdaky yzgardan we ýokumly maddalardan
21
peýdalanyp, çalt ösmäge ukyply bolýar. Bu bolsa ýaş gowaçalaryň oňat ösmegine päsgel
berýär.
Gowaзalar kцpзьlikleэin gцgerэдn dцwrьnde idege has mätäç bolýar. Ýekelemek
we otag işleriniň oňat hilli geçirilmeginde ilkinji hatarara bejerginiň ähmiýeti örän uludyr.
Ilkinji hatarara bejergisiniň esasy maksady topragyň ýumşadylmagyndan, haşal otlaryň
köklerini kesip ýok edilmeginden, yzgaryň ýitgisiniň azalmagyndan we toprakdaky
duzlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Gowaçalar köpçülikleýin gögerip
hatar tutanyndan başlap, ilkinji hatarara bejergisine girişilse, olaryň oňat ösüp ýetişmegine
ýardam bolar. Hatarara bejergisini gowaçanyň ösüş döwürlerinde azyndan 7 gezek bejermek
maslahat berilýär. Gowaçanyň hatarara bejergilerinde asma kultiwatorlar ulanylmalydyr.
Olara daýhançylykda ýeňil kultiwator hem diýilýär. Bejergi döwründe bu kultiwatorlara işçi
agzalary sazlaşykly asylmalydyr. Hatararalarynda ilkinji bejergi işleri geçirilende ýumşadyjy
abzallaryň oturdylyşy birmeňzeş ölçegde bolýar. Hatarlaryň arasyndan geçirilýän üç sany
ýumşadyjylaryň iki gyrakysyny ýaş gowaçalardan 10-12 santimetr daşlykda, 6-8 santimetr
çuňlukda gider ýaly edip oturdylýar. Ortanjy gaz aýakly ýumşadyjyny bolsa 12-15 santimetr
çuňlukda gider ýaly berkidilýär. Ota basdyrylan gowaça meýdanlarda iki gyraky
ýumşadyjyny, bir taraply päkiler bilen çalşyrmak bolýar. Soňky bejergilerde ýumşadyjy
abzallar topraga çuňrak aralaşar ýaly edip oturdylýar. Ýagny sorag zolagyny 12-15
santimetre uzaldyp, iki gyraky ýumşadyjylary 8-10 santimetr çuňlukda, hataryň ortasyndan
gidýän ýumşadyjyny bolsa topragyň görnüşine görä, 14-18 santimetr çuňluga aralaşar ýaly
edip oturdylýar.
Gowaçalaryň ýaş döwründe azotly dökünler bilen iýmitlendirmek talaba laýykdyr.
Bejergi işleri bilen bir wagtda gektara 100 kilogram möçberinde karbamid CO(NH2)2
döküni bilen ýaş gowaçalary gapdallaýyn iýmitlendirmek bolar. Şol döwürde berlen
karbamid toprakdaky yzgaryň hasabyna eräp, ösümlikleriň kabul edip bilýän ammiakly azot
(NH4) görnüşine öwrülýär. Bu bolsa ýaş gowaçalary iýmitlendirýär we sagdyn ösmegine
itergi berýär.
Ýaş gowaçalaryň idedilişi öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilse, olaryň
kuwwatly ösmegine, bol hasyl toplamagyna ýardam eder.
Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty
22
O.Rejebowa, O.Nyýazowa
TÜRKMEN PAGTASYNYŇ BÄSDEŞLIK UKYPLYLYGYNY
ÝOKARLANDYRMAGYŇ USULLARY
Türkmenistanyň XX Halk Maslahaty oba hojalyk pudagy üçin taryhy möhüm waka
boldy. Ýurdumyzyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ata
Watanymyzy gülledip ösdürmekdäki alyp barýan ykdysady syýasatynda iň wajyp ugurlaryň
biri-de oba hojalyk önümçiligini dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekdir we
pagtaçylyk pudagyny ýokary depginli ösdürmek hem-de türkmen pagtasynyň dünýä
bazarlarynda bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Döwletimizde oba
hojalygyna, aýratyn hem pagtaçylyga üns berilmeginiň sebäbi, onuň köpsanly ähmiýetli
taraplarynyň bardygyndan gelip çykýar. Pagtaçylyk pudagynyň önümlerine ýurdumyzyň
içerki we daşarky bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Bu pudak halk hojalygynda hem örän
uly ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyzda orta we inçe süýümli pagta öndürilip, ol gaýtadan
işleýän senagat üçin möhüm çig mal bolup hyzmat edýär.
Pagtanyň esasy önümleri onuň süýümi we çigididir.
1 tonna pagtadan alynýan önümler:
320 kg süýüm, 600 kg çigit, 40 kg lint, 10 kg ulýuk, 30 kg puh galyndysy.
1 kg pagta sьэьminden:
5 m prostinlik mata, 12 m зit mata эa-da 20 m batist, 40-140 sany tikin эьplьkli tegek
alynэar.
1 kg pagtanyň зigidinden:
170 g зigit эagy, 400 g kьnjara, 300 g harpyk, 30 g lint almak bolэar.
1 t harpykdan (şulhadan):
85 litr spirt, 300 kg lignolit (gurluşyk plitalary), 28 kg kömürturşy gazy we 20 kg uksus
kislotasy we başga önümler alynýar.
Umuman, türkmen pagtasyndan Türkmenistanyň şertlerinde köpsanly her dürli
önümler alynýar, şol sanda süýüm, pagta ýagy, şulha, sarun, pamyk, lint, ýüplük, flannel,
polotenselik mata, wiskoza, setin, trikotaž, çit, iç geýimlik mata, ştapel mata, sütükli mata,
sapak, balyk torlary we urganlary, ýangyn söndürijiniň elligi, sellýuloza, kagyz, süzgüç
kagyz, emeli ýüpek, asetat ýüpegi, emeli fetr, emeli kauçuk emeli deri, emeli gaýyş,
linoleum, izolenta, kapron, neýlon, sellofan, nah mata, ýüplük, fotoplenkalar, kardon,
paraşýut ýüplükleri, gurluşyk plitalary, kord, kollodiý, partlaýjy madda, uçarlara lak, olifa,
fibra, elektrik geçiriji ýüpleri, döwülmeýän aýna, harpyk, çigidiň maňzy, künjara, glisirin,
stearin, sabyn, krahmal, lignin, glýukoza, spirt, kömürturşy gazy, limon kislotasy, witamin –
E, azyklyk belok, kalsiý oksalaty, furfurol, endotal we ş.m.
Pagtaçylygyň halk hojalygyndaky ähmiýeti göz öňünde tutulyp, bu pudagy
ösdürmekde, ýagny pagtanyň ýokary hilli, çalt ýetişýän, kesellere çydamly, bol hasylly
görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde, ýere ideg etmekde, tehnikalary ýerlikli ulanmakda,
döküniň mukdary, önümçiligiň gurnalyşy ýaly meseleleri çözmekde birnäçe işler alnyp
barylýar.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde pagtaçylygyň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar.
Asyrlarboýy türkmeniň esasy baýlyklarynyň biri bolan ak pagtasy Türkmenistanyň
täze ykdysady gatnaşyklarynda hem milli baýlyk bolup dowam eder.
Bu gün dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda Merkezi Aziýa, Ýewropa, ABŞ pagtany
23
uly möçberde öndürýär. Bäsdeşlik bu döwletlerde pagtaçylygyň ösdürilmegine itergi berýär.
Mysal üçin, dünýäde pagtanyň öndürilişi boýunça 2005-nji ýylyň maglumatlarynda:
ABŞ-yň ekin meýdany 5284 mьň/ga, hasyllylygy 28,4 s/ga, umumy önüm 15007
müň/tonna, Hytaýyň ekin meýdany 5650 mьň/ga, hasyllylygy 33,56 s/ga, umumy önüm
18964 müň/tonna, Hindistanyň ekin meýdany 9086 mьň/ga, hasyllylygy 10,9 s/ga, umumy
önüm 9904 müň/tonna, Türkmenistanyň ekin meýdany 650 mьň/ga, hasyllylygy 11,7 s/ga,
umumy önüm 760 müň/tonna we ş.m.
Milli Maksatnamada bellenilişi ýaly, pagtaçylykda öndürilen önümiň 60%, öz içerki
kärhanalarymyzda gaýtadan işläp, diňe ujypsyz bölegini çig mal görnüşinde daşary ýurda
çykarylar. Pudagyň geljekde ösmegi üçin önümi nähili ýol bilen, nirä we haçan ýerlemek
meselesi esasy şert bolup durýar.
Agzalan meseleleriň ählisi Türkmenistanda döwletiň ykdysady ýagdaýyna we
mümkinçiliklerine görä çözülýär. Geljekde ak altynyň öndürilişini artdyrmak we bäsdeşlik
ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanda ýeterlikli binýat bar. Ýurdumyzda
esasy üns pagtanyň bäsdeşlik ukyplylygyny hem-de pudagyň içerki we daşarky
bazarlarynda tutýan ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilse maksada laýyk bolardy.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
N.Kadyrow, A.Garahanowa
MEKGEJÖWEN, JÖWEN – ÄHMIÝETLI EKIN
Ot-iýmlik ekinleriň içinden mekgejöwene, jöwene taý gelip biljek ot bolmaz, sebäbi
olaryň dänesindäki ýaşaýyş üçin örän zerur bolan ýokumly maddalar, mallaryň amaly iýmit
çeşmesine bolan talabyň 60-70 göterimine çenlisini doly üpjün edip bilýär. Şonuň esasynda
halk hojalygy üçin gymmatly ot-iýmlik we azyklyk ekinleri bolan mekgejöweniň, jöweniň
daşary we ýerli sortlarynyň, gibridleriniň synaglaryny geçirip, nusgalaryň ýitip gitmezligi
ugrunda köp işler alnyp barylýar. Şeýle örän ähmiýetli ylmy-barlag işleri geçirmekde
SIMMIT we IKARDA halkara ylmy merkeziniň kömegi uludyr. Bu halkara ylmy
merkezleriň öňki ýyllarda jöweniň, mekgejöweniň gibridleriniň we öz-özünden tozanlanýan
görnüşleriniň sort-nusgalaryň tohumlaryny bize goýbermegi ep-esli işlerimiziň netijeliligini
artdyrdy.
Mekgejöwen, jöwen ekinleri ýokary hasyllylygy we köptaraplaýyn bolmagy azyk
senagatynda, lukmançylykda himiýa senagatynda, gurluşykda, maldarçylygy ösdürmekde,
ekin dolanyşygynda we ykdysady taýdan dünýä möçberinde ähmiýetli ekin hasaplanýar.
Ýurdumyzda mekgejöweniň, “Wir-156”, “Krasnodar-5TB”, “Kremi-Uzros”, “Luuç590mw”, “Çuýskiý-62tw” sortlary, “Änew-62”, “Dneprowskiý-200” hojalyklarda ekilýär.
Jöweniň “Altyn aýlyk”, “Gatybaş”, “Oranžewoýe-160”, “Türkmenistan-1”, “Türkmenistan8” sortlary Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilýär. Bu ekinleriň dänesinde 70-76%
krahmal, 6-13% belok, 3-6% ýag, 4-5% özeni (kletçatka), 12-20% şeker jöwen-de bar.
Dänesi mallar we guşlar üçin ýokumly iýmitdir. Dänesinden un, ýarma, çörek, köje
bişirilýär. Gaýnadyp, gowrulyp hem iýilýär. Onuň toşabyndan spirt, piwo, konditer
önümlerini taýýarlamak üçin ulanylýar. Gök massasy göklügine silos, senaž, bede
görnüşinde mallara berilýär. Jöweniň, mekgejöweniň boýy 1-5 metre çenli, tropik ýerlerde
24
6-7 metre ýetýär. Ýapraklarynyň sany 7-8-den 20-24-e çenli bolýar. Baldak emele getirişi
1-1,5-den 8-10-a çenli bolýar. Ortaça dänesiniň hasyllylygy 45-95% s/ga çenli, gök massasy
850-1500 s/ga. Onuň ösüp ýetişmegi üçin 80-145 gün gerek bolýar.
Bular ýazlyk ekin bolup, mekgejöwene garaňda jöwen ekini dürli toprakda ösýär,
çala we orta duzly toprakda hem gowy hasyl bermäge ukyplydyr. Gögerenden soň bir aýlap
haýal ösýär, şonuň üçin ony haşal otlardan mör-möjeklerden we kesellerden goramak üçin
gerbisidleri, pestisidleri ulanmalydyr. Mekgejöwen bir ülüşlilere degişli bolup, bir
ösümlikdäki gülüň iki bölekligi bilen beýleki ösümliklerden tapawutlanýar. Atalyk gül
toplumy ýokarysynda, enelik güli onuň golçury bolýar. Soltany çykanyndan soň 5-7 günüň
dowamynda gülleýär, 2-3 gün enelik (golçur) gülünden öň gülleýär, enelik gülüň gulpak
setirligi jübüt bolup, soňra däne setirleri jübütligi bilen (8-16 aralykda, köplenç, 12-14
aralykda) bolýar.
“Dneprowskiý-200” köne giçki sort, 135-140 günde ýetişýär, boýy 145-310 sm
aralykda, birinji golçura çenli beýiklik 50-180 sm aralyk, ýapragy 14-22-ä çenli. Dänesiniň
hasyllylygy 65-90 s/ga, gök massasy 800-1050 s/ga.
“Änew-62” Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilip, giçki sort 135-145 günde ýetişýär. Dänelik
we gök massa üçin ekilýär. Boýy 140-320 sm aralyk, birinji golçura çenli aralyk 60-150 sm
aralyk, ýaprak sany 14-20 aralyk, däne hasyly 70-95 s/ga, gök massasy 850-1150 s/ga.
Häzirki wagtda hojalyklarda alty aýlyk ýerli köne giçki sort 140-145 günde ýetişýär.
Dänelik gök massa üçin ekilýär. Beýikligi 240-280 sm-e çenli. Dänesiniň hasyllylygy 4550 s/ga, gök massasy 850-900 s/ga. Penjeleme 3-4-den 5-8-e çenli bolup, ýapragy 16-17ä çenli ýetýär.
“Oranžewoýe-160” gök massasy siloslyk üçin 110-120 günde ýetişýär. Boýy 240260 sm, 2-2,5 baldak, ýapragy 12-16 çenli, dänesiniň hasyllylygy 45-55 s/ga, gök massasy
750-800 s/ga.
“Türkmenistan-1” ýerli giçki sorty 140-145 günde ýetişýär, boýy 3,5-4 m çenli, 45 baldak emele getirýär, ýapragy 18-20 çenli. Dänesiniň hasyllylygy 55-60 s/ga, gök
massasy 850-900 s/ga ýetýär.
Häzirki döwre çenli 1500 mekgejöwen sortlary, jöweniň nusgalarynyň 800 sanysy
öwrenildi. Sortlaryň içinde “Feterita” we “Negritianskiý” ak sortlary çakyşdyrylyp, täze
“Türkemnistan-8” sorty döredildi. Bu sort gök massa we dänelik üçin ekilýär. Dänesi ak,
boýy 180-200 sm, 1,2 baldagy emele getirýär, 20-ä çenli ýapragy bolýar, dänesiniň hasyly
55-65 s/ga, gök massasy 500-600 s/ga, 100-105 günde ýetişýär. Önümçilige 2000-nji ýylda
ornaşdyrydy. Häzirki wagtda “Türkmenistan-10” sorty Döwlet sort synagyna berildi.
Mekgejöwen we jöwen iň amatly şertlerde ösdürilip ýetişdirilen mahalynda her gektardan
120-den s/ga 180 s/ga gowrak däne we 1100-1800 s/ga gowrak gök massa hasylyny alyp
boljagyny geçiren tejribeleriň netijeleri görkezdi. Munuň üçin ekinlerden boşan ýerleri
güýz-gyş çärelerini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin ösümlik galyndylaryndan,
haşal otlardan doly arassalamaly. Güýz sürüminden öň ozalky ekilen ekinleriň keşpleri bilen
500-600 m3/ga yzgar suwuny tutmaly, soňra meýdanlary endigan tekizleýiş işlerini
geçirmeli. Mekgejöweniň, jöweniň ekiljek ýerlerini 60 kg/ga kaliý, 450-600 kg/ga fosfor,
15-20 tonna çüýrän ders döküp, 30-35 sm çuňlukda güýz sürümi Sanjar, Bitaraplyk
aýlarynda geçirilýär. Ýerleri ýuwuş we tagt suwuny 1.01–1.03 aralygynda geçirmeli. Ýuwuş
we tagt suwuny 1800-2000 m3/ga, şorlan ýerlerde 3000-5000 m3/ga çenli 2-3 gezek ýuwuş
suwy tutmaly. Topragyň taba gelmegine görä, ekişiň öň ýanyndaky bejergi işleri geçirmek
üçin wagtlaýyn ýaplary, çilleri tekizlemek, 14-16 sm çuňlukda çizel kultiwator, borona mala
25
geçirmeli. Azodyň ýyllyk normasynyň 25-30%-ini topraga bermeli, soňra KFG3,6 gural
bilen iki taraplaýyn ýumşadyp, hatararasy 60-70 sm edip, keşler çekmeli. Ekişiň 1,5-2 aý
öňünden tohumlary kesellere we zyýanberiji mör-möjeklere garşy, onuň her tonnasyna 1
kg diwident 10 litr suw bilen ýöriteleşdirilen enjamlarda dermanlanmalydyr. Ekişe
peýdalanýan tohumlar ýokary hilli gowy dermanlananda, onuň ösüş döwründe zyýanly
mör-möjeklere we kesellere durnuklylygyny artdyrýar.
Mekgejöwen, jöwen ekinleriň ekmeli möhletleri Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda
Nowruz aýynyň 20-sinden Gurbansoltan aýynyň 25-ine çenli aralykda, Daşoguz welaýaty
üçin Gurbansoltan aýynyň 20-sinden Magtymguly aýynyň 20-ine çenli amatlydyr.
Tohumlyk mekgejöweniň tohumynyň ekiş mukdary dänelik mekgejöwen üçin 20-25 kg/ga
siloslyk mekgejöwen 25-30 kg/ga jöweniň tohumynyň ekiş mukdary 8-10 kg/ga we şol bir
wagtda 10-15 kg/ga azot 20-25 kg/ga fosfor berilmeli. Ýeriň mehaniki düzümi ýeňil we
orta halda bolan toprakda oňat ösýär. Bu ekinleriň tohumyny gaty (agyr) toprakly ýerlerde
5-6 sm çuňlukda, ýeňil toprakly ýerlerde we giç ekilen wagtynda 8-10 sm çuňluga düşer
ýaly edip, ekiji enjamlar düzmeli. Mekgejöweni, jöweni keşleriň gerişleriniň üstüne ekmek
maslahat berilýär.
Ýekelemek işleri 4-5 ýapragy emele gelenden başlamaly, her düýbüň arasyny 2025 sm goýup, otap geçmeli. Tohumlyk mekgejöwen, jöwen üçin bir gektardaky bolmaly
ösümlikleriň sany 60-70 müň, düýp dänelik we siloslyk üçin 75-80 müň düýp bolmaly, 2
gezek otag işlerini geçirmeli.
Ekerançylyk çäreleriniň esasy maksady topragy ýumşak saklamakdan, haşal otlardan
arassalamaly, amatly suw, howa we iýmit ýagdaýyny üpjün etmekden hem-de ösümlikleriň
oňat ösüp ýokary hasyl toplamagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr.
Mekgejöweniň we jöweniň ösüş döwründe 3 gezek hatarara bejergisini geçirmeli. Ekin
meýdanlarynda doly gögeriş alynmagyny gazanmak, ýagyşdan soň ösümligiň
hatararalarynyň gapagyny ýumşatmak, mineral dökünler bilen gurplandyryp, birinji bejergi
işlerini geçirmeli. Ikinji bejergi 4-5 ýaprak peýda bolanda geçirmeli. Ösümlikleriň
hatararalarynda bejergi geçirileninden soň, suw tutmak üçin keş çekmeli we ikinji gezek
dökün bilen iýmitlendirmeli. Ösüş suwlaryny keşler arkaly tutmaly, 700-800 m3/ga soňra
her 12-15 günden soň gektara 900-1500 m3/ga möçberinde ösüş döwründe jemi 5-6 gezek
tutulýar. Umumy möçberi 4500-5000 m3/ga suw tutmaly.
Mekgejöweniň, jöweniň dänesiniň çyglylygy 40% köp bolmadyk halatynda, hasyl
ýygnalyp başlanylýar, dänäniň çyglylygy 30% pes bolanda, ol döwülýär. Hasyl ýygnamagyň
dowamlylygy 16-20 günden köp bolmaly däldir.
Ylmy-barlag dänelik ekinleri instituty
K.Mämmetgulow, D.Hasanowa, H.Nurýagdyýew
EKINLERI ZYÝANBERIJILERDEN GORAMAK BOL HASYLYŇ
GIREWIDIR
Ekinleriň hasyllylygyna, hasylyň hiline täsir edýän zyýanberijilere garşy göreşmek
ylmyň we önümçiligiň öňünde durýan döwlet ähmiýetli meseleleriň biridir. Bu möhüm
meseläniň çözgüdi ösümlikleri goramak boýunça ylmy-barlag işleriň çuňňur we
26
toplumlaýyn alnyp barylmagyna bagly bolup durýar. Gowaça we güýzlük bugdaý ekilen
tejribe meýdanlarynda soňky ýyllarda duş gelen zyýankeşleriň, keselleriň we haşal otlaryň
görnüşleri, olaryň ösüşi, ýaýraýyş derejeleri anyklandy. Tejribe meýdanlarynda köpýyllyk
hem-de birýyllyk haşal otlara garşy täze görnüşli serişdeler: gerbisidler, kesellere garşy
fungisidler, zyýankeşlere garşy insektisidler ulanyldy we olaryň netijeliligi anyklanyldy.
Gowaça ekilen meýdanlarda, ekinleriň gyralarynda köpýyllyk haşal otlaryň
görnüşlerine we ýaýran derejesine baglylykda 6-8 l/ga möçberdäki täze Sonraund
gerbisidini ulanmak oňat netije görkezdi. Tohumlaryň ekişden öň Mitafaks 200 ff (5,0 l/
t) serişdesi bilen dermanlanylanda, bir gektar ýerden alnan pagta hasylynyň mukdary barlag
görnüşi bilen deňeşdirilende 3,2 sentner, Maksim XL (1,0 l/t) -4,6 sentner, Kruýzer (4,0
l/t) -5,7 sentner, Oksigumat (0,8 l/t+0,5 l/ga)+Witawaks 200 ff (5,0 l/t) -5,1 sentner köp
boldy. Kruýzer serişdesiniň şirejelere we gowaça bitlerine garşy täsiri 83,3-92,3%-e deň
boldy. Bu bolsa ol serişdäniň gowaçalaryň ýaş döwründe, ýagny 40-60 güne çenli ekini
zyýankeşlerden goramakda uly ähmiýetiniň bardygyny görkezdi.
Gowaçanyň ýapragyny düşürmekde ulanylýan defoliantlaryň netijeliligi, olaryň
sepiliş usulyna, kadasyna, howanyň temperaturasyna we gowaçanyň fiziologiki эagdaэyna
bagly bolup durэandygy anyklanyldy. Dropp ultra 18% (tidiazuron+diuron) defolianty orta
sьэьmli gowaçanyň 35-45% köregi açylanda, howanyň ortaça temperaturasy 30 derejeden
ýokary bolanda 0,6 l/ga kadada sepilende 14 günden soň 90,4-96,2%, 18-25 derejelerde 0,7
l/ga kadada 97,3%-e çenli ýapragyň düşmegine getirýär. Dropp ultra sepilenden soňky
açylan on gozadaky pagtanyň agramy 0,1-0,2 gram azalýar. Baýstar (119,75 g/l
tidiazuron+59,88 g/l diuron) defolianty orta süýümli gowaçanyň 35-45% köregi açylanda,
howanyň ortaça temperaturasy 30 derejeden ýokary bolanda 0,6 l/ga kadada sepilende 14
günden soň 66,8-74,6%, 18-25 derejede 0,7 l/ga kadada 91,6-94,6%, 0,75 l/ga kadada 94,495%-e çenli ýapragyň göklügine düşmegine getirýär. Baýstar sepilenden soňky açylan on
sany gozadaky pagtanyň agramy 0,1-0,3 gram azalýar. Magniý hloraty defolianty orta
süýümli gowaçanyň 35-45% köregi açylanda, howanyň ortaça temperaturasy 30 derejeden
ýokary bolanda 9,0 l/ga kadada sepilende 14 günden soň 78,8-83,2%, 18-25 derejede 11,0
l/ga kadadada-99,8% we 12,0 l/ga kadada 100% ýapragy guradýar. Açylan gozalardaky
pagtalar guran ýapraklaryň üstüne düşmegi netijesinde hapalanýar. Magniý hloraty
sepilenden soň açylan on gozanyň pagtasynyň agramy ortaça 1,2-1,9 gram azalýar, ýokary
kadalarda (12,0 l/ga) körekleriň daşyny ýakýar (desikasiýanyň alamatlary), aзylan hanalar
gцэdьk bolэar.
Tohumlaryň ekişden öň Winner 6%(0,4 l/t), Diwidend 3%(1,0 l/t), Diwidend Star
3,6%(1,0 l/t) serişdeleriniň biri bilen dermanlanylmagy güýzlük bugdaýy baş kesellerden
goramakda oňat netijeleri berdi. Tejribäniň barlag görnüşinde 3,9% bugdaý baş keselleri
bilen keselledi, ýokarky serişdeler ulanylan meýdanda bugdaý kesellerden 96,8-98,4%
goraldy. Zyýanly ýasmyk, sülükpisint däne tomzagy, şirejeler, däne bitleri ýaly zyýankeşlere
garşy ulanylan Best Alfa 10%(0,15 l/ga), Karate 5%(0,2 l/ga), Desis 10%(0,075 l/ga)
insektisidleri ýokary netijeleri görkezdiler. Olar zyýankeşleriň 95,2%-e çenli gyrylmagyna
getirdi. Atlantis (0,3 kg/ga), Awestar (0,75 l/ga), Gromstor (15,0 gr/ga), Almaksan (2,5 l/
ga) gerbisidleriniň haýsy bolsa-da biriniň güýzlük bugdaýda ulanylmagy haşal otlaryň 94,395,6% ýok edilmegine, gowaçada Fýuzilad forte (1,5-2,0 l/ga), Gezagard 500 (3,0-5,0 l/
ga), Dual gold 960 ES (1,5-2,0 l/ga) gerbisidleriniň ulanylmagy, haşal otlaryň 80,5-97,2%
azalmagyna alyp bardy. Zyýanberijilere garşy ösümlikleri goraýan serişdeleriň toplumlaýyn
27
ulanylmagy 1 gektar bugdaýdan alynýan hasylyň 12,8-14,9 sentnere çenli ýokarlanmagyna
(saklanylmagyna) getirdi.
Geçirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky
Ösümlikleri goramak baradaky serişdeleri hasaba almak boýunça döwlet iş toparyna
önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen berildi. Bu bolsa ýurdumyzda ileri tutulýan
ekinlerden – bugdaýdan we gowaçadan ýokary hilli, bol hasylyň alynmagyna hem-de ideg
işlerinde el zähmetiniň azalmagyna ýardam eder.
Ylmy-barlag ekeranзylyk instituty
M.Annanurowa, Ş.Aşyrmyradowa
TÜRKMENISTANYŇ MIWELI BAGLARYNYŇ ZYÝANKEŞLERINE
GARŞY GÖREŞ ÇÄRELERI
Miweli agaçlardan ýokary we durnukly hasyl almak işinde zyýankeş mör-möjekleriň
birnäçesi uly päsgelçilikleri döredýär. Munuň özi bolsa agaçlaryň ösüşine we olarda täze
pyntyklaryň emele gelmegine oňaýsyz täsir edýär. Mineleýji güýeler, ylaýta-da ýaş, ýagny
entek hasyla durmadyk agaçlar üçin uly howp salýar.
Mineleýji güýeleriň hemmesi bedenleri örän ujypsyzja möçberdäki kebeleklerdir.
Olaryň kebelekleriniň ululygy ganatlaryny ýazyp oturan mahalynda 3-10 mm barabar.
Gurçuklary ösümlikleriň ýapraklary bilen iýmitlenýär.
Türkmenistanyň şertlerinde miweli agaçlara, esasan, ýapragyň üst ýüzündäki we
aşak tarapyndaky miwe güýeleri, garalynyň, alyçyň (boýaryşnik) ýa-da ýemşeniň egri
murtlary we halkaly güýeleri, rýabina agajynyň miweleýji güýesi has-da uly zyýan ýetirýär.
Ýapragyň üst ýüzündäki mine güýesiniň gurçuklary almanyň, armyt, beýi we garaly
agaçlarynyň ýapraklary bilen iýmitlenýär. Onuň kebeleginiň ganatlaryny gerip oturan
mahalyndaky ululygy 8-10 mm barabardyr. Öňdäki jübüt ganatlary goňrumtyl reňklidir.
Zyýankeşiň kebelekleri agaçlaryň ýapragynyň üst ýüzüne adaty göz bilen görüp bolmaýan
örän ujypsyzja ululykdaky ýumurtgalary taşlaýar. Şol ýumurtgalaryň daşky gabygyny deşip,
güýäniň gurçuklary çykýar. Olar bada-bat ýapragyň içinde gizlenýär. Zyýankeşiň gurçugy
çalymtyl reňkde bolup, onuň üst tarapynda bedeni deň ikä bölýän gara dik çyzyk bar.
Güýäniň gurçuklary ýapragyň içinde gizlenip ýaşap, onuň parenhimasy, ýagny ýapragyň
özeni bilen iýmitlenýär hem-de ol ýerde özboluşly ýollary – minany emele getirýär. Şol
minanyň içi bolsa ýüpek kerepjikler bilen örtülendir. Zyýankeşiň gurçuklarynyň emele
getiren minasy, umuman, ýapragyň üst ýüzünde ýerleşýär. Güýäniň gurçuklary iýmitlenip
bolanlaryndan soňra şol minanyň içinde gundaga öwrülýär. Gundagyň ululygy 3-5 mm
barabar, bedeniniň reňki bolsa sarymtyldan garadyr.
Türkmenistanyň baglarynda ýapraklarynyň üst ýüzündäki mine güýesi bir ýylyň
dowamynda üç gezek nesil berip köpelýär. Onuň iýmitini tamamlan uly ýaşly gurçuklary
bolsa ýere düşen ýapraklardaky minalaryň içinde gyşlaýar.
Almanyň we beýleki miweli agaçlaryň ýapragynda bahar aýlary zyýankeşiň 1-2
sany içi gurçukly minasy duşýar. Tomsuna bolsa olaryň her bir ýaprakdaky sany 5-e ýetýär.
Gurçuklaryň ýaprakda emele getirýän minalarynyň daşky keşbi we olaryň ululygy
zyýankeşiň gurçugynyň ýaşyna bagly bolýar. Güýäniň gurçuklary almanyň we beýiniň
28
ýapraklary bilen iýmitlenen mahalynda minalaryň birnäçe, ýagny ýylana meňzeş egrembugram, tegmil şekilli we gasyn-gasyn görnüşlerine syn etmek bolýar.
Türkmenistanyň miweli baglarynda köpçülikleýin zyýan berýän minalaýji güýeleriň
11-12 görnüşi duş gelýär.
“Tьrkmenistany ykdysady, syэasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli
döwür üçin Baş ugry” Milli Maksatnamada oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine,
kesellerine we haşal otlara garşy ekologiýa taýdan howpsuz bolan serişdeleri ornaşdyrmak
wezipesi goýulýar. Şu wajyp wezipäni üstünlikli çözmegiň ilkinji tapgyry zyýankeşleriň we
keselleriň görnüş düzümini anyklamak, olaryň has köpçülikleýin zyýan ýetirýän
görnüşleriniň toparlarynyň önüp ösüşini anyk öwrenmek hem-de olara garşy göreşiň
utgaşykly ulgamyny işläp düzmek hasaplanýar.
1. Biologik göreş usuly: zyýankeşleriň gyşlaýan gurçuklaryny we gundaglaryny
köpçülikleýin gyrmak maksady bilen agaçlaryň aşagyna düşen ýapraklaryny güýzde (Sanjar
aýynda) ýa-da ir ýazda (Nowruz aýynda) ýygnamaly we olary bagdan daşyna çykarmaly.
Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşleriň tebigy ýagylaryny entomofaglaryny (parazitleri we
ýyrtyjylaryny) ýüze çykarmak, olary zyýan berijilere garşy göreşde ulanmak bolup durýar.
2. Agrotehniki göreş çäreleri minalaýjy güýelere garşy göreşmegiň ekologiýa taýdan
howpsuz ulgamynda esasy orun tutýar. Ol çäreler, esasan, bu zyýankeşleriň gundaglarynyň
garşysyna gönükdirilýär. Şu maksat bilen güýz aýlary hem-de ir ýazda miweli baglarda
agaçlaryň hatar aralarynda, olaryň düýplerini 25-30 sm çuňlukda agdarmak işleri geçirilýär.
Bu çäreler öz wagtynda, ýokary hilli geçirilen halatynda baglarda minalaýjy güýeleriň
sanlarynyň azalmagyna, olaryň zyýanly täsiriniň pese düşmegine oňaýly ýardam edýär.
3. Himiki göreş çärelerini diňe juda zerurlyk ýüze çykan halatynda, ýagny minalaýjy
güýeleriň has köpçülikleýin köpelen hem-de olaryň baglara giň möçberlerde zyýan
ýetirmekleriniň howpy dörän wagtynda geçirmeli. Çünki, göreş çäreleriniň bu toplumy uly
möçberli ykdysady çykdajylary talap edýär. Türkmenistanyň şertleri miweli baglaryň
zyýankeşleri bolan minalaýjy güýelere garşy göreşmegiň ekologiýa taýdan howpsuz bolan
ýokarda işlenip düzülen ulgamyny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynda,
Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda önümçilik synagynda geçirildi. Synaglaryň netijesinde
göreş çäreleriniň ýokarda görkezilen ulgamy utgaşyklykda ulanylýan wagty minalaýjy
güýeleriň baglara ýetirэдn zyэanyny 95%-den 8,5-9,0%-de çenli azaltmak başartdy. Minalaýjy
güýeleriň baglara ykdysady taýdan zyýan ýetirip biljek derejesinden ep-esli pesdir.
Magtymguly adyndaky Tьrkmen dцwlet uniwersiteti
Ö.Nazarmämmedow
ŞOR AKABALARYŇ SUWLARYNY BIOINЋENER USUL BILEN
ARASSALAMAK
Zeýkeş suwlaryny bioinžener usul bilen arassalamak usuly ýokary suw
ösümlikleriniň we mikro ösümlikleriň (mikroflora) zäherli maddalary, agyr metallary, özüne
siňdirijilik we toplamak ukybyna esaslanýar. Suwlary bioinžener usul bilen arassalamagyň
başga usullara garanda birnäçe artykmaçlygy bar. Birinjiden, bu usul oba hojalyk
önümçiligine gerek bolan suwuň akymynyň uly mukdaryny (5-100 m3/s) arassalamaga
29
mьmkinзilik berэдr. Ikinjiden, hiз hili himreagentleri, elektroenergiýany talap etmeýär.
Üçinjiden, hödürlenýän usul ekologiýa tarapdan arassa we töwerekdäki gurşawa hiç hili
zyýan ýetirmeýär.
Mälim bolşy ýaly, ösümlikleri keselden, zyýanly mör-möjeklerden we hapa-haşal
otlardan gorap saklamak üçin ekin meýdanlarynda himiki serişdeler giňden ulanylýar.
Şonuň üçin Türkmenistanyň zeýkeş suwlarynda hlororganiki, fosfororganiki zäherli
maddalaryň we nitratlaryň bardygy bellenilýär.
Baş çep kenar we Çaltut ene zeýkeşleriň suwlarynda (Lebap welaýaty)
geksahloranyň (GHSG)–8,9 x 10-5 ч 1,78 x 10-3 mg/l mukdarda bardygy kesgitlenildi.
Derýalyk we Dowdan (Daşoguz welaýaty) ene zeýkeşlerden alnan suwlaryň nusgasynda
GHSG geksohloranyň 5 x 10-5 mg/l mukdarda bardygy anyklandy.
Эokary suw цsьmliklerinde zyэanly maddalary suwdan saэlap almak we toplamak
ukyby bar. Mysal üçin, gamyş we ýeken ösüp oturan meýdançanyň (bioplatonuň) her
inedördül metri suwdaky hlororganiki zäherli maddalaryň α GHSG we β GHSG-niň her
sekuntda 3 . 10-7 ч 6 . 10-6 – gramyny arassalaэar.
Türkmenistanyň tebigy howa şertlerinde açyk zeýkeşiň bir inedördül metrine orta
hasap bilen 150-160 düýp gamyş we 55-56 düýp ýeken düşýär. Bu bolsa zeýkeş
suwlaryndaky hlor we fosfororganiki zyýanly maddalary özüne siňdirmek üçin ýeterlikdir.
Orta hasap bilen ýekeniň we gamşyň bir metr inedördül meýdany hersine degişlilikde
zeýkeş suwunyň 0,66 kub. metrini we 0,86 kub. metrini bir gije-gündiziň dowamynda
zyýanly maddalardan arassalamaga ukyplydyr.
Ýokary suw ösümlikleriň we zeýkeşiň düýbündäki çökündileriň suwdaky biogen
elementleri özüne siňdirijilik ukyby örän uludyr. Şeýle-de, suwda biogen elementleri näçe
köp bolsa, şonça-da suw ösümlikleri çalt ösmek bilen biomassany emele getirýär we suwuň
esasy biogenlerinden iýmitlenýär. Biogen elementleriň ýokary suw ösümlikleriniň çalt
ösmegine täsir edýän çäklendirilen toplumy azot üçin: – 250; kaliý üçin – 350; fosfor üçin
– 100 mg/l barabardyr.
Zeýkeş suwlaryny bioinžener usuly bilen arassalamak, açyk zeýkeşleriň hanasynda
suw ösümlikleri ösýän meэdanзanyň gidrawliki hasaplamalary geçirmek, taslamasyny
düzmek we gurmak hem-de ony ulanmagyň düzgünini işläp düzmegi öz içine alýar.
Suwaryş ulgamlarynda ýokary suw ösümlikleriniň toplumyndan: gamyş, ýeken we
beýlekilerden durýan suw ösümlikleri ösýän meэdanзa esasy suw arassalaэjy inћener desga
bolup hyzmat edэдr.
Altyn asyr Türkmen kölüne barýan Baş şor suw akabanyň içki hojalyk we
hojalygara açyk zeýkeşleriň taslamasy düzülende suw ösümlikleri ösýän meýdançada
bioplatada ekilýän ýekeniň gürlügi her inedördül metrde 50-60 sany we gamşyňky 100-150
sanydan az bolmaly däldir. Şeýle hem suw ösümlikleri ösýän meýdançada ösümlikleriň
hasaplamalardaky gürlügini saklamak üçin ýekeni suw ösümlikleri ösýän meýdançanynyň
başynda we gamşy onuň ahyrynda ýerleşdirmeklik maslahat berilэдr.
Uly şor suw akabalaryň we zeýkeşleriň kenarlarynda ösýän suw ösümlikleriň we
beýlekileriň kökleri, olaryň hanasyny suwarymly ýerlerden gelýän ýerasty suwlarynyň täsiri
netijesinde ýykylmagyndan gorap saklaýar. Şonuň üçin şor suw akabalaryň we zeýkeşleriň
hanalaryny ekskawatorlar bilen arassalananda diňe olaryň düýbüni arassalamak we
kenardaky ösümlikleri galdyrmak maslahat berilýär.
“Türkmensuwylymtaslama“ instituty
30
O.Зaryэew, S.Gylyjow, Y.Arazow
GARA MALLARYŇ TEЭLERIOZ KESELINI BEJERMEGIŇ
TÄZE USULY
Gara mallaryň gan parazitar keseli teýlerioz iň howply we agyr geçýän keselleriň
biridir. Bu kesel limfoid-makrofagal ulgamynyň we ganyň eritrositleriniň mugthorlary
tarapyndan döreýär. Ähli ýurtlarda bu kesele garşy her hili serişdeler ulanylýar, ýüzlerçe
dermanlar aýratynlykda we bilelikde synalyp görülýär. Olaryň iň peýdalylary diýlip,
antibiotikler we witaminler bilen bilelikde ulanylýan hinosid, bigumal, berenil, azidin,
sulfantrol we tripaflawin hasaplanylýar. Emma, muňa garamazdan, keseli ýeňilleşdirýän
dermanlaryň gözlegi dowam etdirilýär. Teýlerioz ýüze çykanda bedeniň içki synalarynda
uly-uly ýaramaz üýtgeşmeler bolup geçýär, jisimleriň alyş-beriş hadysasy, mineral
deňagramlylyk bozulýar. Margansyň, nikeliň we koboltyň ätiýaçlyk toplumlary azalýar.
Şonuň üçin kömürturşy misiň, hlorly koboltyň, natriý bikorbanatyň ergininiň we hlorly
kalsiýniň patogenetiki bejerişdäki peýdasy ýöne ýerden däldir. Teýleriozy bejermekde
saýlanylyp alnan dermanlar we olaryň önümçilik synagy Türkmenistanda bu keseliň ýaýran
dürli şertlerinde geçirildi. Geçirilen barlaglar sulfantrolyň antibiotikler hem-de simptomatiki
serişdeleri bilen bilelikde ulanylanda gowy netije berýändigini görkezdi (Ç.R.Rahmetow,
1970). Azidini, bigumaly we simptomatiki serişdeleri bilelikde ulanmak hem teýleriozy
bejermekde örän peýdalydyr. Bejerginiň peýdasy 90-92% (O.Ç.Çaryýew, D.Hudaýberdiýew,
1975). Teýleriozyň giň ýaýranlygyny, onuň köp ykdysady zyýan ýetirýändigini, oňa garşy
ygtybarly dermanyň ýokdugyny we bejerginiň gymmata düşýändigini göz öňünde tutup, biz
bu kesele garşy ýüzärligiň alkoloidlerini ulanyp görmekligi maksat edindik.
Ilki bilen Çimkentiň himfarmzawodynyň ýüzärlikden öndürýän dermany (garmala)
ulanyldy. Ol ýüzärligiň owradylan (üwelen uny), açyk-mele reňkli, özboluşly ysly,
turşulyklarda, hloroformda we etil spirtinde oňat ereýän görnüşindäki gury maddasydyr.
Derman 2,5%-li spirtli ergin görnüşinde 1,5 mg/kg mukdarda mallaryň wena damaryna
sanjyldy. Keseliň ýagdaýyna baglylykda bu dermany 2-5 günüň dowamynda yzygiderli
ulanyldy.
Adaty ýüzärlikden (Peganum harmala) ýasalan dermany hem ulanyldy. Muny almak
üçin 1 kg guradylyp, maýdalanan ösümligiň üstüne 10 litr suw guýup, 24 sagadyň
dowamynda 20-25oC ýylylykda saklanyldy. Soňra bu ergini süzüp, çüýşelere guýup
goýuldy. Ony 200 ml/100 kg mukdarda keselli mallara her gün içirildi. Derman
ulanylmazynyň öň ýany taýýarlanylýar. Ol keseliň ýagdaýyna görä, 2-5 günüň dowamynda
ulanylýar.
Ýüzärligiň ergini teýleriozyň dürli döwürlerinde ulanylyp görüldi. 15 sany gölede
tejribe geçirildi. Bejerginiň berýän netijesi mallaryň umumy ýagdaýyna, bedeniň
gyzgynlygyna, keseli geçiriş derejesine we sagalan mallaryň sanyna görä kesgitlenildi.
Bejergi başlanylmazyndan öňürti we bejergi geçirilenden soňra, näsag mallaryň
umumy ýagdaýy, beden gyzgynlygy, ýürek urşy we dem alşy, aşgazan-içege ýolunyň işleýşi
(kiçi garnyň we içegäniň hereketi) we gandaky mugthorlaryň sany (parasitemiýa)
kesgitlenildi. Bu barlaglaryň hemmesi protozoologiýada belli bolan usullar arkaly amala
aşyryldy. Gan nusgalyklary Romanowskiý-Gimzanyň usuly bilen boýalyp (reňklenip),
mikroskopyň immersiýa ulgamynyň kömegi bilen barlanyldy. Mugthorlaryň sany
31
mikroskopyň görünýän meýdanynyň 100-sinde sanaldy. Sagalan mallara 15 günläp
gözegçilik (syn) edildi.
Tejribede alty sany 5-6 aýlyk göle we goňur-latwiýa tohumyndan teýlerioza
durnuksyz bolan üç sany öküz ulanyldy. Göleleri kesel ýüze çykandan soň, ikinji günden
başlap, öküzleri bolsa 4-5 günden başlap bejerip başlandy. Bejerginiň öňünden we
soňundan irden olaryň umumy ýagdaýy we gyrak-çetki ganyndan alnan çyrşantgylar
mikroskop arkaly barlanylyp duruldy. Bejergiden öň mallaryň bedeniniň gyzgynlygy 41,342,1oC aralykda boldy. Mikroskopda barlanylan nusgalarda, ortaça, 61-161 sany mugthor
ýüze çykaryldy. Derman alty malda üç gezek, üç malda bolsa bäş gezek ulanyldy, ýagny
ol bäş günden köp ulanylmady. Derman 2,5%-li spirtli ergin görnüşinde 1,5 mg/kg
mukdarda wena damaryna sanjyldy. Şunuň bilen bir wagtda, bejerginiň ilkinji üç gününde,
adaty mukdarda, olara kofein we B12 witamini hem berildi. Bejerginiň 2-3-nji günleri
keselli mallaryň hemmesiniň umumy ýagdaýy gowulaşdy, işdäleri açyldy, gyzgynlyklary
adaty ýagdaýa (38,6-39,7oC) çenli peseldi. Gan çyrşantgylarynda teýleriýalaryň sany (3-4
çenli) azaldy. Dokuz malyň sekizisi, ýagny 89%-i sagaldy. Gijikdirilip bejerilip
başlanandygy sebäpli bir öküz agyr keselläp, bejerginiň 2-nji güni öldi. Çekilen zähmet göz
öňünde tutulmadyk ýagdaýynda, bir maly bejermeklik 1000 manada düşdi. Kesellän mallar
öz wagtynda bejerilip başlananda, olar 100% sagalýar. Şeýlelikde, gara mallaryň teýlerioz
keselini bejermekde ýüzärligiň 1,5 mg/kg mukdardaky 2,5%-li spirtli ergini örän uly peýda
berdi. Serişdäniň mallaryň bedeni üçin zyýanly aýratynlyklary ýüze çykarylmady. Bu
derman, aýratynam, gymmat bahaly tohuma degişli mallary bejermekde ulanylyp bilner.
Häzirki wagtda ýüzärlikden derman ýasalmaýar. Şonuň üçin onuň erginini ulanyp
başladyk. Ergin taýýarlamak üçin ösümligiň guradylan görnüşi ulanyldy. Ergin 15 sany
keselli mala 200 ml/100 kg mukdarda içirildi. Mallar kesellänlerinden 2-3 gün soň bejerilip
başlandy. Bejergi başlanylmazyndan öň, olaryň bedeniniň gyzgynlygy 41,70C-a ýetdi,
mugthorlaryň mikroskopyň bir meýdanyndaky sany bolsa 470 boldy. Bejerilip başlanandan
2-3 gün geçensoň mallaryň beden gyzgynlygy 38,8-39,8o aşaklady, umumy ýagdaýlary,
ýürekleriniň uruşlary, dem alyşlary gowulaşdy, işdäleri açyldy we gäwüş gaýtaryp
başladylar. Mugthorlaryň sany juda seýrekleşip, bir meýdanda 3-4 sanysy duşdy. Mallaryň
13 sanysy sagalyp, 2-si (8%) öldi. Çekilen zähmeti hasaba almazdan, bir maly bejermek
25 müň manada düşdi. Bejerginiň peýdasynyň bardygyny deňeşdirmek üçin, teýlerioz bilen
kesellän 10 sany mal saýlanyp alyndy we olar sulfantrol ýa-da azidin, antibiotikler,
witaminler we mikroelementler bilen bilelikde ulanylyp, bejerilip başlandy. Olaryň 9 (90%)
sanysy sagaldy, soňra bolsa olar soýuldy. Çekilen zähmet hasap edilmände, bir maly
bejermeklik 250 müň manada düşdi. Şeýlelik bilen, biziň geçiren barlaglarymyz ýüzärligiň
dermanynyňam we ergininiňem teýleriozy bejermekde gowy peýda berýändigini görkezdi.
Bu serişdeleriň bedene edýän ýaramaz täsiri ýok. Kesellän mallaryň ýagdaýyna gorä, olary
bejermek üçin, mallara derman bäş gezek berilse ýeterlik bolýar. Bu derman elýeterli, ony
taýýarlamak aňsat, onuň bilen mal bejermek, himiki bejeriş bilen deňeşdirilende arzan
düşýär. Mallary bejermek döwri gysgalýar, çykarylýan çykdajy bolsa 10 esse azalýar.
Diýmek, adaty ýüzärlikden derman öndürmeklik döwlet derejesinde ýola goýulmaga
mynasypdyr.
Mallary bejermekde garmala dermanynyň 1,5 mg/kg mukdardaky 2,5-%-li spirtli
ergini, keseliň ýagdaýyna görä, 2-5 günüň dowamynda günde bir gezek wena damaryna
sanjylmalydyr.
Gara mallaryň teýleriozynda bu derman 89-90% peýda berýär. Çekilen zähmet göz
32
öňünde tutulmazdan, bir maly bejermek üçin edilýän çykdajy 25 müň manada deň bolýar.
Bu usul teýleriozy beýleki, meselem, himiki usul bilen bejermekden 10 esse arzan düşýär.
Önümçilik şertlerinde gara mallaryň teýleriozyny bejermekde ýüzärligiň ergininiň
hem ýokary peýdalydygy anyklandy. Ýüzärligiň erginini keselli mallara 200 ml/100 kg
mukdarda 2-5 günüň dowamynda günde bir gezek içirmeli.
Mallaryň hemmesiniň doly sagalmaklary üçin, bejergini keseliň dörän badyna
başlamaklyk hökmany şertleriň biridir. Munuň sebäbi, teýleriozda bedeniň içki synalarynda
döreýän näsazlyklar örän çalt güýjeýär we çäre öz wagtynda görülmese, mallar 5-12 günüň
dowamynda ölüme sezewar bolýar.
Teýleriozy üstünlikli bejermegiň ýollary keseliň döreýşini jikme-jik bilmeklige we
onuň ýany bilen ýüze çykýan beýleki näsazlyklary hem himiki dermanlar bilen bejermäge
esaslanmalydyr.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
M.H.Durikow, M.A.Nepesow
TЬRKMENISTANDA PISSE TOKAЭ-BAGLARYNY DÖRETMEGIŇ
TEJRIBESI
Tьrkmenistanyň gurak howa şertlerinde suwy we idegi az talap edэдn miweli
agaзlardan tokaэ-baglary цsdьrip эetişdirmek örän wajyp meseleleriň biridir.
Şeýle ösümliklerden эurdymyzyň howa şertlerine has uэgunlaşany pisse agajydyr.
Türkmenistanda tebigy pisse tokaэlyklary esasan эurdumyzyň gьndogar-gьnortasynda deňiz
derejesinden 600-1200 m belentlikde iki uly meэdanda: Serhetabat pisselikleri Guşgy
derэasynyň gündogarynda we şol meэdanyň 120 km gьnbatarynda Pul-hatyn pisselikleri
эerleşэдr. Bu iki pisse tokaэlyklary Bathyz pisselikleri diэlip atlandyrylэar we umumy
tutэan meэdany 75 mьň ga barabardyr. Şeэle hem Kцэtendagyň eteginde Kцэten derэanyň
sag kenarynda Hoja Burjy Belent we Boda diэen эerlerinde 15 müň ga golaэ pisselikler
эerleşэдr. Uly bolmadyk meэdanlarda pisse tokaэlyklary Gьndogar, Merkezi we Gьnbatar
Kцpetdagda duş gelэдr. Umuman, Tьrkmenistanda pisse tokaэlary jemi 100 mьň ga golaэ
meэdany tutэar.
Tebigy şertlerde ösэдn pisseler ilkinji hasyly 18-20 эaşynda berip başlaэar, эцne
emeli dцredilen pisse baglarynda, agrotehniki зareleriň ulanylэan эerlerinde ilkinji hasyly
12-14 эaşynda berэдr. Bathyz pisseliklerinde her miwe berэдn agaз ortaзa 1-2 kg, kдbir
agaзlar 10-16 kg зenli hasyl bermдge ukyplydyr.
Pisse agaçlary suwarymly we düme ýagdaýda dürli tebigy zolaklarda: dagda deňiz
derejesinden 1200-1400 m beýiklikde, dag jülgelerinde (800-1000 m), dag eteklerinde
(500-700 m), Merkezi Garagumyň Günorta böleginde, Garrygulda (90 m) ýetişdirilip, şol
şertlerde onuň ösüşi we boý alyşy öwrenildi.
Institutyň pisse tokaý-baglaryny döretmek boýunça alyp barýan işleriniň esasy
maksady, öz эurdumyzda we daşary эurtlatda geçirilen işlere baha berip, şoň esasynda
Tьrkmenistanda pissдniň tokaý-baglaryny döretmegiň эollaryny işläp taээarlamakdan
ybaratdyr.
Ylmy-barlaglaryň dowamynda birnäçe meseleler boýunça işler geçirildi, эagny
33
agrotehniki здreleriň цsьmlikleriň ösüşine täsir edişi öwrenildi, pissдniň saэlama
görnüşlerinden baglary döretmek we genetiki nesle geçijiligini öwrenmek, seэle hem
hasyllylygyny эokarlandyrmak üçin sapmak işleri эerine эetirildi.
Barlag işleri Köpetdagyň eteginde Giňdiwar bölümçede geçirildi. Ekmek üçin
Bathyz döwlet goraghanasynyň эerlerinde saэlama tohumlar taээarlanyldy we geçen 5
ýylyň içinde jemi 11,5 ga golaý meýdanda ekiş geçirildi. Ekiş işleri dürli agrotehniki
çäreleri ulanmak arkaly geçirilýär, ýagny ýer zolaklaýyn sürülip, şol zolaklarda çukurjyklar
gazyp ekmek, tarp ýerlerde, çukurlarda ekmek we ş.m.
Barlaglaryň netijesinde agrotehniki çäreler geçirilip pisse ekilen ýerlerde (ýagny
zolaklaýyn sürüp agdarmak, hatar aralaryny ýumşatmak, gurak ýyllarda agaçlary suwarmak)
tohumlardan 80-92% gögeriş, tarp ýerlerde bolsa 70-80% gögeriş alyndy. Tarp ýerlerde
tohumlaryň gögerişiniň oňat bolmagyna garamazdan ösüşiň birinji ýylynyň güýzüne çenli
ösümlikleriň 50-80% çenlisi guraýar we guramaklyk soňky ýyllarda-da dowam edýär.
Zolaklaýyn sürülip ekilen ýerlerde bolsa birinji ýyl diňe 10-15% guraýar, soňky ýyllarda
эitgi ьjypsyz bolэar.
Sьrьmli эerdдki цsьmlikleriň bir эyllyk ösüşi tarp эerdдkiden 1,3 esse uly bolэar.
Tarp эerdдki цsьmlikleriň pes gцgerijiligini diňe bir suw эetmezзiligi bilen dдl-de, eэsem
kцp sanly gemrijileriň bolmagy bilen düşündirilýär. Barlaglaryň netijesinde gemrijileriň ekiş
çukurlarynda hin gazyp, эaş ösümlikleri gömýändigi we olaryň ýapraklaryny hem-de
şahalaryny iэip zaэalaэandyklary anyklandy.
Pisseleriň hasyllygyny эokarlandyrmak we saэlama pisseleri köpeltmek üçin sapmak
işleri geçirilэär. Sapmak üçin Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda эerleşэän
Türkmenistanyň Ösümlikleriň genetiki gorlar merkeziniň ýerinde 1984-nji эylda pissдniň
saэlama görnüşlerinden döredilen pisse bagyndan we Milli institutyň Garrygul tejribe
bekedinde ýetişdirilen pisse agaзlaryndan alnan bir эyllyk pyntyklar ulanylэar. Saэlama
görnüşlerden alnan pyntyklar, uly ýaşly agaзlaryň şahalaryna sapylэar. Barlaglaryň
görkezişi эaly, sapylan pyntyklardan 30-60% gögeriş almak üçin, agrotehniki çareleri
ulanmak zerurdyr (sürüm, dyrmyklamak, şahalaryny çyrpmak we dökün bermek).
Ylmy-barlag işleriň çäklerinde pissдni polietilen haltajyklarda (konteэnerde)
nahalhanada tohumdan эetişdirmek эola goэuldy. Pissдni nahalhanada эetişdirmegiň esasy
bдhbitli taraplarynyň biri – цsьmlikleriň эaş döwri olara saэlama pisselerden pyntyklar
sapylsa, onda olar tiz hasyla durэarlar. Bir-iki эyldan soň эaşajyk ösümlikleri mydamalyk
ösjek эerine gцзirэдrler. Nahallar mydamalyk эerlerinde oturdylanda olaryň arasy 6-10 m,
hatar arasy hem 6-10 m зenli bolmalydyr. Her 8-12 sany miwe berэдn agaja bir sany erkek
agajy goэulýar. Şu tertipde nahallar oturdylsa, onda her эyl miwe berэän agaçlary
tozanlandyrmaga amatly şertler döreэдr.
Ikinji tejribe meýdançasy ÇÖHDMI-niň Merkezi Garagumdaky “Garrygul” tejribe
meýdanynda ýerleşip, bu ýerde pisse agaçlary ösdürilip ýetişdirildi. Ösüşiň 14-nji ýylynda
agaçlaryň birnäçesi hasyl berip, hozlarynyň käbir görkezijileri boýunça tapawutlanýarlar.
Geljekde olary seçgi işlerini geçirmekde peýdalanmak bolar. Tejribeleriň görkezişi ýaly,
saýlama tohumdan ekilen pisseler özleriniň nesle geçijilik häsiýetini saklaýarlar.
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň
Зцller, цsьmlik we haэwanat dьnэдsi milli instituty
34
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA
НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ
SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN
№2
2007
N.Halow
DAÝHAN BIRLEŞIKLERINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BARADA
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň tagallasy bilen
oba hojalyk pudagynda ykdysady özgerişleri geçirmeklik başlandy. Bu
guwandyryjy zat, oba hojalygyny цsdürmek, oba ýaşlaryny iş bilen üpjün
etmeklik, esasy wezipeleriň biridir. Çünki, эurdumyzyň ilatynyň 53%-den
gowragy obada ýaşaýar. Ýaňy-ýakynda “Daýhan birleşikleri hakynda”
Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda kabul edilen Kanunynyň rejelenen
görnüşi çap edildi. Şonuň ýaly-da “Daýhan hojalygy hakynda” we “Arçynlar
barada” Kanunlar kabul edildi. Bu Kanunlaryň berjaý edilmegi oba hojalygyny
mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Oba
hojalygyny ösdürmäge garaşsyzlyk ýyllary içinde köp üns berildi. Bazarda oba
hojalyk önümleriniň bolçulygy döredi.
Ýurdumyz ýaňy-ýaňylar hem däne, un satyn almak üçin ýüzlerçe mln. dollar
harçlardy. Indi bu dollarlary oba hojalygyna we beýleki pudaklary ösdürmeklige
gönükdirip bolar. Gök-önüm we et bilen ilaty üpjün etmek hem ullakan çözülmesi
kyn bolan meseleleriň biridi. Bazar ykdysadyýetine geçmeklik bilen gök-önüm we
et müşgilsiz çözüldi. Döwlet ekerançylary ýer we suw bilen üpjün etdi.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda guramaçylyk işleri düýpli üýtgedildi, öňki kolhoz we
sowhozlaryň ýerine daýhan birleşikleri, kärendeçi we potratçy hojalyklary, daýhan
hojalyklary döredildi. Soňky wagtlarda ekerançylyk ýerleriniň bir bölegi hususy
eýelere we mülkdarlara berlip başlandy. Oba hojalygyna dürli eýeçilik görnüşleri
ornaşdy.
Oba hojalygyny ösdürmekde ýokardaky kanunlaryň doly berjaý edilmegi uly
ähmiýete eýedir. Oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde daýhan
birleşikleriniň orny örän uludyr. Bularyň işi akylly-başly gurnalanda diňe oba
hojalygyny ösdürmek bilen çäklenmän, oba ýaşlaryny iş bilen üpjün etmekde we
obanyň ykdysadyýetini, medeniýetini ösdürmekde ähmiýeti uludyr. Daýhan
birleşikleriniň, oba paýdarlar jemgyýetleriniň işini akylly-başly gurnalanda olaryň
netijeleri-de ýokary bolýar. XX Halk Maslahatynda “Sadulla Rozmetow” oba
paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Sadulla Rozmetowyň çykyşyndan belli bolşy ýaly,
köp üstünlikleri gazanyp bolýar. Bu birleşikde paýdarlar önümçiligiň ahyr netijesi
bilen höweslenýärler, gazanylan peýdanyň bir bölegi paýdarlaryň arasynda
paýlanypdyr, işleýän, zähmet çekýän adamlaryň ortaça aýlygy 3 mln. manada barabar
bolupdyr. Obada ýollary asfaltlamaga, täze oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga
maliýe serişdeleri artypdyr.
35
Esasy Kanunyň, ýagny “Daýhan birleşikleri hakynda” Kanunyň ýerine
ýetirilmesi köp derejede kanundan gelip çykýan kararlara, çözgütlere baglydyr. Şol
kararlar maksadalaýyk kabul edilende we doly ýerine ýetirilende Oba Daýhan
birleşikleriniň netijesi-de gowy bolar.
Taslamanyň I babynyň 1-nji maddasynda daýhan birleşigi gatyşyk eýeçilige
esaslanýan edara görnüşli tarapdyr diýilýär. Muňa nähili düşünmeli? Döwlet bilen
bilelikdemi? Bu hojalyklaryň ustaw hazynasynyň möçberini kim kesgitlemeli? Onda
esaslandyryjylar döwlet we daýhan birleşikleriniň agzalarydyr. Eger esaslandyryjynyň
bir tarapy döwlet bolsa, onuň ustaw gaznasynda paýy näçeräk bolmaly? Gatyşyk
eýeçilik gowy, munda daýhan birleşiklerinde Döwlet tarapyndan, tehnika, maliýe
kömegi berler. Ilkinji döredilende olara döwlet tarapyndan ýer peýdalanylmaga
berilýär. Şeýle-de, esasy gaznalar we beýleki emläkler berilýär, bu emläkler
bölünmäge degişli däl diýlip bellenilen. Şonuň ýaly-da, daýhan birleşiginiň öz
serişdeleriniň hasabyna edilen maddy gymmatlyklary, alan girdejileri, şeýle hem
birleşigiň ygtyýarynda galýan önüm onuň eýeçiligine degişlidir – diýlip bellenýär.
Diýmek, daýhan birleşikleriniň eýesi döwlet we şoňa girýän agzalar bolmaly.
Ýene-de anyklanylmaly zat, daýhan birleşiginiň her bir agzasynyň eýeçilik
hukugy nähili bolmaly, onuň ykdysady bähbitleri nähili ýüze çykmaly? Eýe, döwlet
ýa-da birleşige girýän agzalar birleşigiň netijeli işlemegine, onuň ahyr netijesiniň
ýokary bolmagyna höweslenmelidirler. Onuň girdejisiniň, peýdasynyň bir bölegi,
ýagny döwlet öňündäki, banklaryň öňündäki borçnamalaryny üzenden soň, ýörite
maksatly önümçiligi ösdüriş, durmuşy ösüş we ätiýaçlyk gaznalaryny döredenden soň,
galan bölegini birleşik agzalarynyň arasynda paýlanylmalydyr ýa-da durmuşy ösdüriş
gaznasynyň bir bölegini şu maksatlar üçin ulanmalydyr. Eger şeýle edilmese, onda
olar işiň netijesine höweslenmezler. Mysal üçin, birleşikde agza bolan raýat zähmet
rugsadyna çykdy, ol indi pensioner, ol agza bolup galarmy? Eger agza bolup galsa,
onda onuň daýhan birleşikde nähili ykdysady bähbidi bolmaly?
Daýhan birleşiginde kärendeçi gatnaşyklary, ýagny kärendeçiniň öndürýän
önümine berilmeli hak, kärendeçiniň borçlary, daýhan birleşikleriniň borçlary,
satylýan önümiň nyrhy, şeýle hem kärendeçä önüm üçin berilmeli paý, daýhan
hojalygyny saklamak üçin tutumlar, ýurt boýunça umumyrak bolsa gowy bolardy,
kärendeçi haýsy etrapda zähmet çekýändigine garamazdan, deň hak almalydyr.
Daýhan hojalygy öz girdejilerinden Türkmenistanyň durmuş
ätiýaçlandyrmasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde
serişde geçirýär diýlip bellenilipdir. Beýleki pudaklardaky, dürli eýeçilik görnüşindäki
kärhanalar zähmet haky gaznasyndan 20 göterimi möçberinde geçirýär. Daýhan
hojalyklaryna bu möçber ilkinji döwürde agyr bolar, ony, biziň pikirimizçe, minimal
derejä çenli azaltmaly. Mundan başga-da, bir-iki ýyl mundan öňki beýleki
kärhanalardaky ýaly, wagtlaýyn saglygyny ýitirenlere – agzalara şu gaznadan kömek
pullaryny bermeklik göz öňünde tutulsa gowy bolardy. Şonuň ýaly-da, olara pensiýa
bermekligi we pensiýa ätiýaçlandyrylyşyny ýola goýmaklyk oba zähmetkeşleri üçin
guwandyryjy wakadyr. Ýene bir üns berilmeli mesele, daýhan birleşikleri bilen
kärendeçiler (potratçylar) arasynda gatnaşyklaryň kadaly bolmagyny üpjün eder ýaly
umumyrak düzgünnamalar işlenip düzülse gowy bolardy. Bu daýhan birleşiginiň we
36
kärendeçiniň hukuk-borçlaryny anyklamaga, kanunyň birmeňzeş bolmagyny üpjün
edilişine kömek bererdi.
Nyrhlar baradaky syýasat barada. Häzirki wagtda, ýagny bazar
ykdysadyýeti şertlerinde harytlar (önümler) bazar nyrhy boýunça satylmalydyr, olary
bolsa isleg we teklip emele getirýär. Nyrhlar önümçilik we önüm öndürmek bilen
bagly harajatlary doly ýapyp, öndürijä peýda getirmeli, pul girdejileri kärhanalarda
doly hojalyk hasaplaşygy we öz-özüňi maliýeleşdirmek mümkinçiligini döretmeli.
Kanunda daýhan birleşikleri, önümini bazar we döwlet satyn alyş nyrhlary
esasynda ýerleşdirip bilýär diýlip görkezilen. Şu ýerde bir zady bellemek zerur.
Daýhan birleşiginiň önümini döwletiň adyndan kim satyn almaly? Türkmenpagtamy,
Türkmengallaönümlerimi ýa-da Döwletiň pagta arassalaýjy zawodlarymy? Muny
anyklamaly, önümler şertnama (kontrakt) esasynda ýerlenip, ilki döwlet
borçnamalaryny üzmäge, galan önüm öz ygtyýarynda galyp, ol erkin nyrhlar bilen
satylmaly diýlip bellenipdir. Mysal üçin, pagtanyň (süýümi-de bolup biler) we
gallanyň döwlet satyn alyş nyrhy nähili bolmaly? Bu örän möhüm mesele.
Türkmenistanyň “Daýhan birleşikleri hakynda” Kanunynyň 7-nji maddasynda
döwlet satyn alyş nyrhlary we şol nyrhlar boýunça ýerlenilýän önümleriň
görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär
diýlip görkezilen. Gallanyň (bugdaýyň) häzirki döwlet tarapyndan satyn alnyşynyň
peselişini we onuň daýhanyň harajatlaryny ýapmaga ýeterlik däldigi barada XX Halk
Maslahatynda çykyp geplänler, şol sanda Sadulla Rozmetow ýaly ömrüni oba
hojalygyny ösdürmäge bagyşlan Iri oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, baý
tejribeli adamlar bu barada teklip aýtdylar. Bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhammedow tarapyndan-da goldaw tapdy, ol nyrhlary ýokarlandyrmak barada
teklibi makul bildi.
Hдzirki wagtda pagtaзylykda nyrhlar ьэtgedilmelidir. Biz bu эerde erkin
nyrhlar barada gürrüň etmeýäris. Olar ýeterlik derejede ýokarydyr. Pagtaçylykda
harajatlar köp görnüşli bolup, olar esasan, şulardan ybarat: tohum, dökün,
mehanizasiýa hyzmatlary, awiasiýa hyzmatlary, ösümlikleri goramak, defoliasiýa,
ýygym, bank hyzmatlary, zähmet haky, şol sanda dolandyryş apparat üçin, obany
saklamak üçin, suw, ýerli ýygymlar, pagtadan süýüm, çigit üçin we beýleki umumy
harajatlar. Bu harajatlaryň pagtanyň bir kilogramyna we bir sentnerine düşýäni,
önümiň özüne düşýän gymmaty bolup durýar. Bu gymmat ýerden alynýan hasyllylyk
näçe ýokary bolsa, şonça-da pesdir. Sadulla Rozmetow adyndaky paýdarlar
jemgyýetiniň 2005-nji ýyl üçin hasaplamalaryna seredeliň.
1. 2005-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 7-si. “Туркменская искра”. Hojalyk
6600 gektara gowaça ekmekligi göz öňünde tutup, şonuň her gektaryndan 35
sentnerden hasyl, jemi 23100 tonna pagta almaklygy göz öňünde tutupdyr. Pagtany
öndürmek we arassalamak üçin jemi harajatlar 52593 mln. manat bolup, bir kilogram
pagtany öndürmek we pagtany gaýtadan işläp çykarmak üçin harajatlar 2276 manat
bolýar, diňe pagtany öndürmek üçin harajatlar 1660 manada golaý bolýar. Döwlete
satylýan nyrhlar 1 kilogram =1000 manada deň bolsa, onda pagta düşewünt bermeýär,
nyrhlar döwletiň satyn alyş nyrhy artdyrylmandyr. Ady tutulan paýdarlar jemgyýeti
şol ýyl öndürilmeli jemi 23100 tonna pagtanyň 25 göterimi – 5775 tonna. 1
37
kilogramyny 1000 manatdan döwlete satmagy, galan 17325 tonnasynyň erkin bahadan
– has anygy süýüm lint, übtük (ulýuk), çigitden ýag, künjara (sarýun), şulha öndürip,
jemi 140074 mln. manat we umumysy (140074 mln.+5775 mln.) = 145849 mln.
manat gazanmagy göz öňüne tutupdyr, ol öndürilmeli pagta (23100 tonna) paýlasaň
145849 mln. manat: 23100 tonna pagta) 1 kg çig pagta – 6313 manat bolýar. Oba
hojalygynyň girdejisiniň artmagy her gektardan alynýan hasyllylygyň artmagyna we
mallaryň önüm berijiliginiň artmagyna baglydyr.
Diýmek, daýhan birleşikleriniň çig pagtasyny satmakdan aljak girdejisi bir
kilogramyna 5-6 müň manatdan az bolmasa, onuň şu önümi öndürmäge höwesi artar.
Ýaňky ady tutulan hojalygyň jemi arassa girdejisi 89202 mln. manat bolup, onuň 20
göterimi täze tehnika we önümçilik jaýlaryny gurmaga, 40 göterimi ätiýaçlyk
gaznasyna, galan 40 göterimi bolsa paýdarlaryň arasynda diwident – paý haky
hökmünde paýlamaklyk göz öňünde tutulypdyr, bu bolsa geçen ýylyň netijelerinden
belli bolşy ýaly, önümçiligiň mundan beýläk-de ösmegine höweslenmesini döredipdi.
Oba hojalygyny ösdürmekde maliýäniň orny iňňän uly bolup, döwletimiz şol
pudagy ösdürmek üçin maliýe serişdelerini aýamaýar.
Oba hojalyk pudagy salgytlardan doly boşadyldy. Oba hojalygy üçin dünýäde
iň kuwwatly we ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar. Meliorasiýa, suwaryş
desgalaryny gurmaga, ägirt uly serişdeler gönükdirilýär, tohum hojalyklary ösdürilýär.
Häzirki wagtda ekerançylyk ýerleriniň müňlerçe gektary suwarylyp, olaryň
ekin dolanyşygyna girizilmegi üçin döwlet tarapyndan her ýyl býujetden milýardlarça
manat goýberilýär. Daýhan, kärendeçi hojalyklarynyň oba hojalyk ekinlerini ösdürip
ýetişdirmek üçin gerek bolan mehanizasiýa harajatlarynyň ýarysy döwlet tarapyndan
tölenilýärdi. Oba hojalyk kärhanalaryna häzirki wagtda merkezleşdirilen tertipde oba
hojalyk tehnikasy bilen kömek edilýär. Oba hojalyk pudagynyň maliýesine täsir edýän
şu aşakdaky aýratynlyklar bar. Oba hojalygyna goýlan pul serişdeleri gysga möhletde
gaýdyp gelmeýär. Bu bolsa 4-5 aýyň dowamynda pul harajatlarynyň yzygiderli
artmagyny talap edýär. Mysal üçin, pagtaçylykda ýylyň başyndan tä güýzüň ahyryna
çenli pul harajatlary edilýär, pagtadan pul girdejileri bolsa güýz aýlary girip başlaýar.
Şol pul harajatlary ýapmak üçin, ylaýta-da, täze işe başlan döwründe oba hojalyk
kärhanalarynyň özünde serişdeler bolmansoň, ol banklar tarapyndan gysga möhletli
karz puluň zerurlygyny ýüze çykarýar, oba hojalyk kärhanalaryna önümçilik döwri
uzak bolansoň köp pul serişdeleri gerek bolýar, şonuň üçin oba hojalygynda kömek
bermek üçin ýörite daýhan banklar ulgamlary döredildi. Daýhan banklary oba hojalyk
kärhanalarynyň diňe bir harajatlaryny maliýeleşdirmän, olara wagtly-wagtyna karz pul
berip durýar. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk önümlerini satmakdan gelen pul girdejilerini
Daýhan hojalyklarynyň hasaplaryna wagtly-wagtynda geçirilmegini üpjün edýär. Oba
hojalyk önümleri satylyp bolunýança, awans bermekligi ýola goýýar. Şol awansy
Merkezi bankyň karz resurslarynyň hasabyna berýär. Soňra oba hojalyk kärhanalary
önümlerini satyp bolansoň, alan pul girdejisi bilen hasaplaşyk geçip durýar.
Harajatlar, ylaýta-da, oba hyzmaty guramalary işi ýerine ýetirende daýhan,
ýerinde ýerine ýetirilen işiň möçberini görkezip, çek ýazyp berýär, Şonuň esasynda
daýhan banky oba hyzmatyna daýhanyň hasabyna karz pul berýär, ýa-da oba
hyzmatynyň özüne karz berýär.
38
Häzirki wagtda oba hojalygy önümini kärendeçiler haçan-da satan wagtlary
ýerinde hasaplaşmak maksada laýyk diýlip XX Halk Maslahatynda çykyş edildi. Ol
teklipler goldanyldy. Wagtynda, ylaýta-da, iki aýdan köpräk wagtyň içinde, aýdaly,
her 1 million tonna pagtaň 1 kilogramyny 5000 manatdan satyn almaly bolsa, 5
trillion manada golaý nagt pul pagta satyn alýan edaralara, ýa-da Daýhan
birleşiklerine karz bermeli bolardy. Halk Maslahatynda çykyş edenler karz üçin
berilýän göterimiň iň pes, ýagny 2 göterimden geçmezligini teklip etdiler. Biziň
pikirimizçe, bu dogrudyr. Çünki, oba hojalygy köp ýurtlarda bolşy ýaly, biziň
ýurdumyzda-da hemmetaraplaýyn, ylaýta-da, döwlet tarapyndan kömege mätäçdir.
Oba hojalygynda dolanyşyk serişdeleriniň ätiýaçlygyny döretmek zerurdyr.
Oba hojalyk kärhanalarynda dolanyşyk serişdeleri şu aşakdakylardan ybarat:
– esasy we kömekçi materiallar; ýangyç we elektroenergiýa; organiki we
mineral dökünler; tohum we her hili şitiller, nahallar; mallar üçin iým, iýmit, däridermanlar; taýýar önümler; ätiýaçlyk şaýlar, gap-gaç, halta, ýüp we ş.m.;
gutarylmadyk önümçilik; pul serişdeleri.
Biziň pikirimizçe, oba hojalygynda diňe gatyşyk eýeçilige we daýhan
hojalygyna esaslanan önümçiligi ýola goýman, şereket eýeçiligine (hyzmatdaşlyk)
esaslanan hojalyklaryň hereket etmegine, şeýle-de, hut döwlet eýeçiligine esaslanan
iri hojalyklaryň hereket etmegine ýol açmaly. Kooperatiw (hyzmatdaşlyk) kärhana
meýletin esasda döredilip, onuň işine her bir agzasynyň şahsy gatnaşmagyna
esaslanýar. Bu hojalyklar diňe bir önümçilikde däl, oba hojalyk önümlerini satmak
ugurlarynda işini gurnasalar erbet bolmazdy.
Oba hojalygyndaky iri paýdarlar jemgyýetine esaslanan käbir hojalyklar öz
durmuşa ukyplylygyny görkezdiler. Seýle bolansoň olaryň hereket etmegine
mümkinçilik bermeli.
Şereketler önümlerini erkin bazar nyrhlarynda satsa, girdejisiniň ýa-da
peýdasynyň bir bölegini agzalarynyň arasynda paýlasalar, onda her bir agzasynyň
onuň işiniň ahyr netijesine höweslenmesini artdyrardy. Olarda hut daýhan birleşikleri
ýaly ýeri kärendä bermek, hakyna tutup işletmek esasynda önüm öndürip bilerdiler.
Beýle kooperatiwler bazar ykdysadyýeti ösen ýurtlarda-da hereket edýär.
Tьrkmen halk
hojalyk instituty
Kabul edilen wagty
2007-nji ýylyň
Gurbansoltan aýynyň 3-i
N.Khalov
ON IMPROVING ACTIVITY OF DAIKHAN ASSOCIATIONS
Agriculture is one of the key branches of the national economy of Turkmenistan. The
new law on Daikhan associations passed by XX Khalk Maslahaty on Novruz (March) 30, 2007,
envisages the introduction of different elements of economic relations through the
establishment of powerful Daikhan associations. In order to realize the aforementioned law, one
should pass by-laws aimed at the improvement of activity of Daikhan associations, accurate
definition of the state’s share in the statutory funds, regulation of purchasing prices, regulation
39
of deductions to the social insurance, head’s election by dint of a secret vote, etc. One should
increase considerably the profitability of the agricultural production.
In order to provide the population with the job, it is also proposed to establish largescale farms at the expense of the public funds on the newly developed territories. In the
agriculture, one should arrange the production on the basis of mixed and peasant farms founded
on the production property, as well as large-scale farms with the governmental form of
property. A cooperative enterprise is established on a voluntary basis wherein every member
participates individually in its work. Positive results can be secured provided that the farms
take part not only in the production of farm commodities but in their realization as well.
Farms founded on the basis of large-scale joint-stock companies, have proved to be
sustainable to the demands of the times in the agriculture. One should grant them the
opportunity to exist further more. Enterprises will be interested in the final result of the activity
under the assumption of independent realization of products at their free commercial value. The
aforementioned enterprises, as well as peasant associations, could have carried out the land’s
grant on lease and employment of the manpower for the manufacture of products. Such
cooperatives function in the countries with the developed market economy.
Н.Халов
ВОПРОСЫ СОВЕРШЕНСТВОВАНИЯ ДЕЯТЕЛЬНОСТИ ДАЙХАНСКИХ
ОБЪЕДИНЕНИЙ
Cельское хозяйство является одной из ведущих отраслей народного хозяйства
Туркменистана. Новый закон о Дайханских объединениях, принятый на ХХ Халк
Маслахаты 30 Новруза 2007 года, предусматривает внедрение различных элементов
хозяйственных отношений через создание мощных Дайханских объединений. Для
реализации данного закона, необходимо принятие подзаконных актов, направленных на
совершенствование работы Дайханских объединений, уточнение доли государства в
уставных фондах, регулирование закупочных цен, регулирование отчислений на
социальное страхование, выбор руководителя закрытым голосованием и т.д. Необходимо
значительное повышение рентабельности сельскохозяйственного производства. Для
обеспечения населения работой, также предлагается создание на вновь осваиваемых
территориях крупных хозяйств за счет государственных средств.
В сельском хозяйстве необходимо наладить производство на основе смешанных и
крестьянских хозяйств, основанных на производственной собственности, а также крупных
хозяйств с государственной формой собственности. Кооперативное предприятие создается
на добровольной основе, где каждый член кооператива индивидуально участвует в его
работе. Добиться хороших результатов можно при условии, если хозяйства будут
принимать участие не только в производстве сельскохозяйственных продуктов, но и в их
реализации.
Хозяйства, основанные на крупных акционерных обществах, в сельском хозяйстве
показали свою устойчивость к требованиям времени. Необходимо дать им возможность
существовать и дальше. Предприятия будут заинтересованы в конечном результате
деятельности при условии самостоятельной реализации продукции по свободной
рыночной стоимости.
Эти предприятия, также как и крестьянские объединения, могли бы осуществлять
сдачу земли в аренду и наймы рабочей силы для производства продукции. Такие
кооперативы действуют в странах с развитой рыночной экономикой.
40
A.Esen
TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGYNYŇ ÖSÜŞ SEPGITLERI WE
ILERI TUTULÝAN UGURLARY
“Ekiniň enesi – ýer, atasy – suw” diэlip altyn-zere deňelýän dirilik hem rysgal
çeşmesi bolan suwuň bolçulygy, ýaşaýşyň we durmuşyň, bereketiň baş özeni
hasaplanýar. Türkmenistanda “Ýer hakynda”, “Suw hakynda” bitewi Kanunlaryň
kabul edilmegi, ýaňy-ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň XX Halk maslahatynda,
olara uly ьns berilmegi we bu iki mukaddesligi tygşytly, aýawly we netijeli
peýdalanmagy möhüm wezipe edip goýulmagy, olaryň döwlet derejesinde ileri
tutulmagynyň kepilnamasydyr. Ýer, suw halkyň, ýurduň, döwletiň baş baýlygydyr,
rysgal-döwletliligiň, bereketiň hemişelik, tükenmez gorudyr.
Ýurdumyzyň suw baýlyklaryny aýawly hem netijeli peýdalanmak, esasanam,
olaryň oba hojalygynda deň-derman tygşytly harç edilişini alyp barmak, ähli
akabalaryň ulanylyşyny ýöretmek, şeýle-de, ähli gurulýan suw desgalarynyň anyk
taslamalaryny taýýarlap, desgalandyryp durmuşa geзirmek Tьrkmenistanyт suw
hojalyk ministrligiň baş wezipesidir.
Şanly Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň suw hojalygy galkynyşly
derejede özgerip, uly sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi öz
düzüminde jemi 15 müň işgäri, şol sanda müňlerçe tejribeli hünärmeni, işjanly
mehanizatorlary, sürüjileri, suw ulanyş gözegçilerini, ekin meýdanlarynda zähmet
çekýän 715 miraby, taslamalary dьzэдn inћenerleri, ylmy işgärleri birleşdirýär.
Ministrlik dьnэд irrigasiэasynda gцrnьkli suw desgalaryny taslamakda we gurmakda,
on müňlerçe kilometrlik suw akabalaryny, suw gorlaryny yzygider ulanmakda hem
abat saklamakda, şeýle-de, ýer gazyş-gurluşyk işlerini ýokary tehnologiýaly
maşynlaşdyrmakda abraýly görkezijileriň eýesidir.
Ýurdumyzyň milli suw gorlarynda esasy orun Amyderýa degişlidir. Jeýhunyň
baş sakasyndan suw alýan Garagum derýasy, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň (şol
sanda Türkmen derýasy) özbaşdak sakalary ähli suwuň 90 göterimdenem gowragyny
tutýar. Ýene-de möwsümleýin suw akabaly Murgap, Tejen we beэleki kiзi derэalar
bar. Türkmenistanyň häzir hereket edýän öz hususy suw howdanlarynyň taslama
göwrümi 3,1 milliard kubmetre, hakykysy-da ortaça 2,5 milliard kubmetre deňdir.
Bugdaý, gowaça we gaýry ekinler boýunça suwarymly ýerleriň (2,3 million gektar)
udel agramy Ahalda 27,7, Maryda 25,5, Daşoguzda 24,7, Lebapda 15,8 hem
Balkanda 6,3 göterime barabardyr. Ýene-de dцrt эyldan 130 milliard kubmetr
taslamaly – Türkmen kölüniň ulanyp başlanmagy bilen, bu görkezijileriň
tapawutlanjakdygy mälimdir.
“Ýeriňi bejermeseň aç galarsyň, ýabyňy arçamasaň puç galarsyň” diýlişi эaly,
hojalygara we içki hojalyk suwaryş akabalaryny hem zeýkeş ulgamlaryny
arassalamak, şeýle-de, Garagum derýa, Türkmen derýa, suw howdanlarynyň durkuny
täzelemek, olary yzygider gцzegзilikde saklamak, ekin meэdanlaryna, bag-bakjalara,
melleklere, ilatly ýerlere, dürli halk hojalyk pudaklaryna barmaly suwuň ýoldaky
ýitgisini azaltmak suw işgärleriniň jana-jan borjy bolup durýar. Tutuş ýurdumyz
41
boýunça hojalygara hem içki hojalyk suwaryş akabalarynyň umumy uzynlygy 42 müň
kilometrden, zeýkeş ulgamlarynyň uzynlygy-da 23 müň 255 kilometrden ybaratdyr.
Geçen ýylda welaýatlaryň suwaryş akabalaryny arassalamakda jemi 14 müň
kilometrlikde iş geçirilip, ol meэilnamadakydan 1,9 esse ýokarydyr. Şu ýyl bu çäräni
23,6 müň kilometrde geçirmek göz öňünde tutulýar. Welaýatlarda ýerleriň melioratiw
ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zeýkeşleri arassalamakda jemi 28,4 müň kilometr
uzynlykda iş ýerine ýetirildi, onuň meýilnamadan birneme pes bolandygyny hem
aýtmak gerek. Onuň esasy sebäbi, suw akabalarynyň arassalanmagynyň has ileri
tutulmagy bilen düşündirilýär. Bu çäre Ahalda 2,8, Maryda 2,2, Lebapda 1,6,
Balkanda 1,3 we Dasoguzda 1,2 esse berjaэ edildi.
Ministrlikde merkezleşdirilen maýa goýumlaryny özleşdirmek, onuň
merkezi edaralarynda, welaýatlaryň suw hojalyk önümçilik birleşiklerinde
gurluşyk-gurnama işl eri boýunça alnyp barylýar. 2006-nj y ýylda jemi
özleşdirilen maýa goýumy 450,2 milliard manada ýetirilip (şol sanda gurluşykgurnama işleri 369,1 milliard manat), ol ýyllyk meýilnamadan 107 göterim,
(öňki ýyldanam 20 göterim) ýokarydyr. Onuň 56,3 göterimi Türkmen kölüniň
gurluşygy we 4,1 göterimi Garagum derýasynyň suw geçirijilik ukybyny
artdyrmak ýaly sebitara iri gurluşyklara degişlidir.
Paýtagtymyz Aşgabatda Arçabil çaýyny abadanlaşdyrmak, Ahal welaýatynda
Sarahs etrabyna suw geçirmek üçin maşyn kanalyny gurmagy dowam etdirmek işleri
geçen ýylda amala aşyryldy. Mary welaýatynda alnyp barlan esasy suw gurluşyklaryna
Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, Murgap etrabynda
Эasyldepe-Minara maşyn kanalyny gurmak degişlidir. Jemi 63,7 milliard manatlyk
(ýurdumyzyň içki gurluşyklarynyň 46 göterimi) iş geçirilen Lebap welaýatynda,
esasan hem, ekerançylyk üçin özleşdirilýän uly geljegi bolan tarp ýerlerdäki täze
kanallaryň we akabalaryň gurulmagy häsiýetlidir. Olara Ýylangyz, Esenmeňli,
Çepkenar we Saýat-Nowhana kanallarynyň gurluşygy hem abadanlaşdyryş çäreleri
girýär. Ýene-de welaýatda “Garaşsyzlygyň 15 ýyly” (Zeýit) suw howdanyny, ЭapaзNarazym kollektoryny, Ýokarky Çarşaňňy baş suw sakasyny, Amyderýanyň
kenarýakasyny abadanlaşdyrmak giň gerime eýe boldy. Garagum derýasynyň
arassalanmagynda we suw geçirijilik ukybyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe
bolan “Garaşsyzlygyň 15 ýyly” suw howdanyny giňeltmek we durlamak boýunça
işleriň möçberi welaýatdaky suw gurluşyklarynyň 79 göterimini tutýar. Daşoguz
welaýatynda amala aşyrylýan esasy suw gurluşyk çärelerine Şasenem ýaýlasynda
Tagta suw howdanyny gurmak we Şasenem kanalyny abadanlaşdyrmak, tarp
ýaýlalarda melioratiw işlerini alyp barmak, şeýle-de, Türkmen derýasynda tarazy
binalamak ýalylary goşmak bolar.
Suw hojalyk ministrliginde ýer gazyjy-gurluşyk işlerinde ulanylýan
tehnikalaryň we awtoulaglaryň Garaşsyzlyk ýyllary içinde esasy durkunyň
täzelenmegi, kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli iň kämil we oňaýly daşary ýurt
mehanizmleriniň ulgamynyň döredilmegi guwançly bellenmäge mynasypdyr. Olaryň
içinde Ýaponiýanyň “Команцу”, ABŞ-yň “Katerpiller” we “Keэs”
kompaniэalaryndan alnan dьrli kysymly ekskawatorlaryň 470 töweregi hem
buldozerleriň 370-den gowragy, skreperleriň, awtogreýderleriň onlarçasy, şeýle-de,
42
GDA ýurtlaryndan getirilen ýa-da özümizde gurnalan läbik sorujylaryň 246-sy we
beýleki mehanizmleriň onlarçasy bar. Satyn alnan daşary ýurt tehnikalarynyň ýarpysy
soňky dört ýyla degişlidir. Hдzir umumylykda suw gurluşyklarynda ekskawatorlaryň
660-a, buldozerleriň 470-e golaэy işledilэдr. Şu 2007-nji эylda daşary эurtlardan 36
buldozerleriň we ekskawatorlaryň gelmegine garaşylýar. Ýene bir bellemeli hoş
habar, şu ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 20-sine gol зekilen Hцkьmet karary esasynda,
“Команцу” ýapon ýer gazyjy tehnikasynyň uly tapgyry, şeýle-de, suw sorujylar, dürli
enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary satyn alnyp, olar ýerleriň melioratiw ýagdaýyny
gowulandyrmaga gönükdirilýär. Olaryň umumy bahasy 98 million amerikan dollaryna
deňdir. Ýük awtoulaglarynyň guratlarynyň möçberi 800-e golaýdyr. Olaryň esasy
bölegini “MAZ”, “Ural”, “KrAZ”, “KAMAZ” kysymly ýük göteriji maşynlar tutýar.
“Serdar sowgady” ýazgyly äpet ýük ulaglaryna ähli suw gurluşyklarynda duşmak
bolэar.
2006-njy ýylda Aşgabat şäherinde ministrligiň täze tehniki hyzmat ediş
merkezi açyldy, bu ýerde daşary ýurt tehnikasyny öz güýçleri bilen abatlamak we
hyzmat ediş işleri guralýar. Bu merkezde suw gurluşykçy mehanizatorlaryň uly
tapgyryny taýýarlamagyň göz öňünde tutulmagyny hem bellemek gerek.
“Iň beýik minaranyň-da düýbi ýerden başlanýar”. Suw hojalyk ministrliginde
alnyp barylýan desgalandyryş we abatlaýyş işleriniň köpüsi, ministrligiň
“Türkmensuwylymtaslama” döwlet suw hojalyk ylmy-önümçlik we taslama
institutynda düzülen inženerçilik ylmy taslamalara, şeýle-de, ylmy işgärleriň
gurluşyklardaky awtorlyk gözegçiligine esaslanýar. 2006-njy ýylda geljekki
gurluşyklaryň (jemi 61 sany) gözleg-taslama işleri we beýlekiler boýunça 27,2
milliard manatlyk iş ýerine ýetirildi.
Biz iş saparlarynda Altyn asyr Türkmen kölüniň, “Dostluk” suw howdany
bendiniň gurluşyklarynda, howdanlaryň, derýalaryň, kanallaryň abadanlaşdyryş
işlerinde bolup, türkmen suw gurluşykçy alymlarynyň işläp taýýarlan dünýäniň
irrigasiýa ülňülerine laýyk ýokary inžener çözgütlerini görüp guwanmak miýesser
etdi.
“Türkmensuwylymtaslama” institutynyň ýerine ýetirýän taslama-gözleg işleri
has ähmiýetlidir. Olara suwarymly we tarp ýerleri özleşdirmek hem suwlandyrmak,
kanallary, kollektorlary, gatlalary (tarazlary), howdanlary, nasos stansiэalaryny, ponton
geçelgelerini gurmak boýunça taslamalar degişlidir. Bu onlarça taslama-gözleg
işleriniň içinde täze tehnologiýa esasynda Ruhabat etrabynda gök ekinleri we baglary
damjalaýyn usuly bilen suwarmak işi ünsüňi özüne çekýдr. 2006-njy ýylda onuň jemi
1,4 milliard manatlyk möçberi işlenip taýýarlanypdyr. Beýik Serdarymyzyň başyny
başlan, suwy iki esse tygşytlaýan bu öňdebaryjy usul boýunça göreldeli Ruhabat
etrabynda jemi 3 müň gektar ýeri suwarmak göz öňünde tutulýar. Bu işi
“Garagumderýa suw hojalyk” önümçilik birleşiginiň ýöriteleşdirilen “Damja”
gurluşyk-ulanyş edarasy alyp barýar. Şu ýerde “Türkmensuwylymtaslama”
institutynyň işgärleriniň taslanan gurluşyk işleriniň ýokary hilli we ekologiýa taýdan
netijeliligi üçin 2002-nji ýylda “Ýewropa Altyn ýyldyzy derwezesi” ýaly abraýly
halkara baýraklara, şeýle-de, ýaşuly alym Omar Rejebowyň Suwy we zeэ suwlaryny
43
ulanmak baradaky Halkara toparynyň diplomyna mynasyp bolandygyny guwançly
bellemek isleýäris.
Häzir ýurdumyzdaky akaba suwlarynyň peýdaly ulanylyşy 60 göterime
golaэdyr. Ony эokarlandyryp, azyndan 75 gцterime эetermek дhli suw we oba
hojalyk (ekeranзylyk) işgдrleriniň jana-jan borjudyr. Milli baэlygymyz bolan suw
gorlaryny tygşytly hem aэawly ulanmaga ilki bilen “Ekini bitirэдnem suw, эitirэдnem
suw” diэen ata-baba pendine uэup, suwuň эolda-эapda эitmдn, bisarpa akdyrylman,
gije-gьndiz gцzegзiliksiz – eэesiz goэulman, boş эere, zeэkeşlere kowulman, эerleri
zeэletmдn-şorlatman, onuň her katrasynyň ekinleriň dьэbьne baryp bereketli hasyla
цwrьlmegini gazanmak parzdyr. Şeэle-de, эerleriň melioratiw, suw-duz эagdaэyny
kadalaşdyrmak ьзin aзyk, эapyk we ene (hojalygara) zeэkeşleriň gцmlьp эa-da
gamşa basdyrylyp, gцzgyny bolman, hemişe arassalanyp, зuňaldylyp jüňňürdдp işlдp
durmagy, miraplaryň, suwзy daэhanlaryň bolsa altyn dдnesine deňelэдn suwy
zaэalaman, эuwuş suwlaryny tutmaga ьnsi gьэзlendirmekleri zerurdyr. Suwuň,
zeэkeş ulgamyny doldurmak ьзin dдl-de, eэsem ekin ьзin zerurdygyna düşünmegimiz
gerek. Эene-de goşmaga здreler hцkmьnde: эuwaň zeэ suwlaryny sьэji suwa goşup
duza зydamly ekinde we эeňil toprakda ulanmak, эerasty sьэji suwlaryny agyz suwa
we ekeranзylyk maksatlaryna gцnьkdirmek, akabalar boэunзa mцwsьmleэin ekinleri
saэlap, amatly эerleşdirmek, şoňa gцrд ekinleri suwarmagy gezekleşdirip guramak,
keşlдp-gerişlдp suwarmagy we pelleriň möçberini kadalaşyrmak, эerasty suwaryş,
эagyş эagdyrmak hem damjalaэyn suwaryş işleriniň amatly, ykdysady netijeli
usullaryny ornaşdyrmak, lagym suwlaryny peэdalanmagy artdyrmak (ol hдzir эylda
150 million kubmetre deňdir, ony dцrt esse artdyrmak meэilleşdirilэдr) эalylary
gцrkezmek bolar.
Şu эylyň Nowruz aэynyň 30-yna Mary şäherinde bolup geзen
Tьrkmenistanyň XX Halk Maslahatynda, эurdumyzyň oba hojalygyny dьэpli
цzgertmek we onuň netijeliligini эokarlandyrmak meselleri iň эokary – dцwlet
derejesinde giňden ara alyp maslahatlaşyldy. Ekeranзylyk we oba senagat toplumyň
Tьrkmenistanda эokary derejд gцterilişini doly ьpjьn etmek ьзin, tьrkmen obasyny
doly цzgertmek ьзin, beэleki maddy-tehniki serişdeler bilen bir hatarda, milli
baэlygymyz bolan suw serişdelerini aэawly hem tygşytly ulanmak, olaryň
ekeranзylykdaky peэdaly tдsirini artdyrmak, gidrotehniki desgalaryň gurluşygyny
hem abadanlaşdyrylmagyny зalt depginde alyp barmak, akabalaryň we zeэkeşleriň
arassalanmagyna ьnsi güýçlendirmek, suwaryşda iň tдze progressiw tehnologiэalary
ylmy esasda цnьmзilige giň ornaşdyrmak işleriniň ileri tutulэan ugurlary
kesgitlenildi.
Türkmenistanyň Oba
hojalyk minsitrligi
44
Kabul edilen wagty
2007-nji ýylyň
Gurbansoltan aýynyň 3-i
A.Esen
STAGES OF DEVELOPMENT OF WATER ECONOMY OF
TURKMENISTAN AND ITS PERSPECTIVES
The article observes the productional and project-research activity of
subdivisions of the Ministry of Water Industry of Turkmenistan and reveals the works
on rational use of water resources, exploitation of water-industrial objects especially
of inter-economy and inside-economy irrigations and drainage water collectors, 65
thousand kms of total length.
The resolutions of the XX-th Peoples’ Council of Turkmenistan under the
leadership of the President G.M.Berdymuhammedov have targeted the water economy
system of Turkmenistan to realization of the most advanced scientifically based
technologies of irrigation of agricultural crops, land improvement, raising irrigation
system efficiency up to 75%, intensive equipping of water-industrial objects with
services and utilities.
The project works carried out and applied in industry by
“Turkmensuvylymtaslama” Institute are of international standards, some of them,
such as “Dostluk” reservoir damb, the Turkmen lake of the Golden Age and
“Turkmenderya” system complex are unique in the world hydrostructural practice.
А.Эсен
ЭТАПЫ РАЗВИТИЯ И ПЕРСПЕКТИВЫ ВОДНОГО ХОЗЯЙСТВА
ТУРКМЕНИСТАНА
В ст атье дается обзор производственной и научно-проектной
деятельности структур Министерства водного хозяйства Туркменистана.
Указаны и проанализированы работы по рациональному использованию водных
ресурсов, эксплуатации водохозяйственных объектов, а т акже
межхозяйственных и внутрихозяйственных оросителей и коллекторнодремажной сети, общая протяжённость которых достигает 65 тысяч километров.
В свете решений ХХ Халк Маслахаты Туркменистана под руководством
Президента Г.М.Бердымухаммедова перед службой водного хозяйства страны на
фоне бережного использования водных ресурсов предстоит претворение в жизнь
самых передовых, научно обоснованных технологий по орошению
сельскохозяйственных культур (капельное и подпочвенное орошение, “дождевое”
использование минерализованных вод и др.), по улучшению мелиоративного
состояния земель и увеличению КПД оросительной системы до 75 процентов, а
также интенсивное благоустройство водохозяйственных объектов.
Многие проекты, разработанные и внедрённые в жизнь сотрудниками
института “Туркменсувылымтаслама”, по своей масштабности и решению
отвечают требованиям международных стандартов, некоторые из них, такие как
водохранилищная плотина “Достлук”, Туркменское озеро Золотого века и
комплекс системы “Туркмендерья” не имеют себе равных в мировой
гидростроительной практике.
45
G.Mämmedow
GOWAÇANYŇ HASYLLYGYNYŇ SEÇGÄ WE TOHUMÇYLYGA
BAGLYLYGY
Häzirki wagtda gowaçanyň seleksiýa işinde düýpgöter üýtgeşik we örän
hasylly sortlaryny döretmekde seleksiýanyň häzirki ulanylýan usullary düýpli
özgerişikler döredip bilmeýär. Sebäbi sort döredilende onuň hasyllylygy, aýratynam,
süýüminiň hili gibrid we mutantlarda beýleki ylymlaryň, ýagny genetikanyň,
fiziologiýanyň, biohimiýanyň, sitogenetikanyň, anatomiýanyň, mikologiýanyň,
fitopatalogiýanyň, entomologiýanyň, molekulýar biologiýanyň, wirusologiýanyň
gazananlaryny ulanyp seljerme işlerini geçirmän, diňe seleksioneriň duýgusyna
esaslanyp sort döredilýär. Beýle usulda dörän täze sortlar özleriniň hil
aýratynlyklaryny basym üýtgedýär we önümçilikde uzak durmaýar.
Täze sortlar, esasanam, tiz bişýän, 70-80 s/ga hasyl berýän, gozalary bir
wagtda we deň açylýan, ýagny 85-90% hasyly birinji sortdan we sowuk urýança
bişýän bolmaly. Täze sortlaryň süýüminiň hili, süýümiň çykymy we çigidiniň
ýaglylygy dokma kärhanalarynyň kada-kanunlaryna doly laýyk gelmeli. Mysal üçin,
süýüminiň çykymyny 1% ýokarlandyrsaň, 10-15 müň tonna artykmaç süýüm almak
bolýar we çigidiň ýaglylygyny 1% galdyran halatymyzda artykmaç 5 müň tonna ýag
almak bolýar. Bulardan başga-da täze sortlar kesele we mör-möjeklere garşy durnukly
bolmaly. Bu netijeleri gazanmak üçin seleksiýa işine talap has-da güýçlenýär we
ugurdaş ylymlaryň gazananlaryny ulanyp bilmese, seleksionerler beýle uly netijäni
gazanyp bilmezler. Munuň üçin seleksioner örän köp zatdan baş çykarmaly we öz
işini gowy bilýän hünärmen bolmaly. Häzirki zaman genetikasyndan, fiziologiýadan,
biohimiýadan, immunologiýadan we beýlekilerden baş çykaryp bilýän, tejribe işine
ussat we degerli netije çykarýan hünärmen bolmaly.
Süýümiň hili barada aýdylanda, sorty döretmegiň täze usulyny işläp düzmeli
we ol gowaçanyň hemme sypatlaryny özünde jemleýän – tiz bişekligi, hasyllylygy,
gozanyň ululygy, süýümiň çykymy ak pagtanyňky ýaly, süýümiň aýratynlyklary we
gozasynyň sany boýunça ýüpek pagtanyňky ýaly bolmaly.
Täze sortlar mehanizmler bilen bejergä we ýygyma gabat gelmeli, şonuň üçin
hem gowaça düýpleri dykyz we ýykylmaýan, ýatmaýan baldakly, köp hasylly
bolmaly.
Biziň günlerimizde gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin örän köp mukdarda
gymmat bahaly defoliantlary, desikantlary ulanmaly bolýar. Ulanylýan zäherli jisimler
we olaryň galyndylary, bizi gurşap alýan tebigaty, howany zäherleýärler. Şonuň üçin
hem seleksionerleriň gaýry goýulmasyz meseleleriniň biri hem ýapragyny ilkinji
gozasy açylan badyna özi düşürýän täze sortlaryny döretmekden ybarat. Gowaçanyň
ýabany görnüşleriniň arasynda ýapragyny özi düşürýänleri bar, olar ýaly mutantlar we
gibrid ugurlar hem bar. Olaryň bu sypatlaryny sortlara geçirmek üçin donor
hökmünde ulanmaly. Gowaçanyň ekin meýdanlary ýyl geldigiçe demirgazyga tarap
süýşýär, bu ýagdaý bolsa gowaçanyň doly bişip ýetişmegi üçin gerekli ýylylygyň
46
ýetmezligine eltýär, şonuň üçin selekesionerleriň öňünde ýene-de bir wajyp mesele
örboýuna galýar, ol bolsa örän tiz bişek sortlaryny döretmeklik.
Aýdylanlardan başga-da, biziň gowaça ekýän ýerlerimiz köpçülikleýin şorlaşan
topraklar, üstesine-de, suwy tygşytly ulanmagy hem doly derejede başarmaýarys. Bu
mesele-de täze sortlarda öz çözgüdini tapmaly. Täze döredilýän sortlar sowuga-da
çydamly bolmaly. Bular ýaly sortlardan pagta meýdanlary ir boşaýar we ol
meýdanlara aralyk ekin ekmeklige doly mümkinçilik döredýär, ol bolsa güýz sürüm
döwründe topragyň aşagyna düşüp, topragy organiki dökünler bilen baýlaşdyrmaga
ýardam berýär.
Ähli seleksionerleri we seleksiýa ýardam berýän beýleki ylymlaryň wekillerini
bir merkeze jemläp seleksiýa işi hemmetaraplaýyn öwrenilmelidir. Şeýle edilende
önümçilikde özüniň hasyllylygyny, süýüminiň hilini, tiz bişekligini, kesellere
durnuklylygyny uzak ýyllaryň dowamynda, eger-de tohumçylyk işi oňat ýola goýlan
bolsa saklanýar. Täze sortlaryň synagyny, tohumçylygyny, köpeldiş işini hem şol
merkezlerde geçer ýaly etmeli. Täze döredilen sortlara, goý, hünärmenleriň özleri
üýşüp baha bersinler. Beýle ýagdaýda seleksiýa işiniň netijeliligi we hili genetiki
tejribeleriniň derejesine, dünýä ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryna, ulanylýan
usullara doly derejede bagly bolýar we dörän sort arassa izogenno-geterozigot
populýasiýa görnüşinde emele gelýär.
Biziň bu pikirimiziň amala aşmagy üçin, birinjiden, hojalyk sypatlary gowy
täze ugurlary tejribe esasynda ýüze çykarmaly we işiň dowamydna sypatlara: tiz
bişekligine, hasyllylygyna, süýüminiň hiline we çykymyna, çigidiň ýaglylygyna,
kesellere we mör-möjeklere, gurakçylyga we sowuga çydamlylygyna, şora
durnuklylygyna, düýbüň çugdamlylygyna, ýapragynyň özi düşýänligine jogap berýän
genleri saýgarmaly we ş.m.; ikinjiden, uzak ýyllaryň dowamynda sortuň
durnuklylygyny saklar ýaly seleksiýanyň we sortlary ýerleşdirmäniň usullaryny işläp
düzmeli; üçünjiden, hemme genetiki we seleksiýa tejribelerini biohimikler, fiziologlar,
sitogenetikler, anatomlar, mikologlar, fitopataologlar, entemologlar we beýlekiler
bilen bilelikde geçirmeli; dördünjiden, görnüş we kowum arasyndan alnan
gibridleşdirmegiň üsti bilen ýabany görnüşden medeni görnüşe genleri geçirmegiň
usulyny işläp düzmeli, başgaça aýdylanda, hromosomyň we geniň ýabany ugrunyň,
görnüşiň içinden alyp sorta geçirmegiň tejribesini ýaýbaňlandyrmaly; bäşinjiden,
gowaçanyň tebigy we industirlenen mutasiýasynyň mehanizmini gowaçada giňden
öwrenmeli we gerekli himiki we radiasion mutasiýany almagyň ýollaryny işläp
düzmeli.
Seleksiýa işiniň önümliligini artdyrmak üçin seleksiýada işleýän hünärmenleri
gowaçanyň gelip çykan ojaklaryna, seleksiýa üçin ilkinji maýalyklary ýygnap
getirmek üçin daşary ýurtlara iş saparlary bilen ugratmaly. Täze döredilen ugurlaryň
ýylyň dowamynda 2-3 arkasyny barlamak üçin häzirkizaman gurallary, biotron,
fitotron, iň bolmanda teplisa hojalygyny seleksiýa merkezlerinde gurnap bermeli.
Täze sortlaryň süýüminiň hilini hemmetaraplaýyn öwrener ýaly merkezleşdirilen
dokma-seljerme, tär (tilsimat) barlamhanalary bilen üpjün etmeli.
Elita-tohumçylyk işini düýpli gowulandyrmak üçin her pagtaçylyk merkezlerde
ýöriteleşdirilen elite hojalyklaryny we pagta arassalaýan kiçi kärhana gurmaly. Bu
47
ugurdan alym hünärmenler bolsa, elita-tohumçylygyň we tohumçylyk ylmynyň
häzirkizaman kämil usullaryny işläp düzmeli hem-de elita-tohumçylyk hojalyklara
hödürlemeli we tohumçylygyň senagat usulyna geçmegine ýardam etmeli.
Täze, geljegi bar hasylly we süýüminiň hili boýunça dünýä nusgalyklaryna
gabat gelýän sortlary döretmek örän kyn, jogapkärli iş we köp ýyllaryň dowamynda
ýerine ýetirilýän iş. Seleksioner alymdan köp zehinini, aňlylygyny, güýjüni,
kuwwatyny sarp etmeli bolýar. Şonuň üçinem täze sort döreden alymlary we oňa
ýardam beren işgärleriň hemmesini, işleýän edarasyny höweslendirmegiň täze adalatly
ýollaryny işläp düzmeli hem-de sortuň awtory hasap etmeli.
Täze döredilen sortlaryň igläp ýitip gitmezligi we süýüminiň hiliniň pese
düşmezligi, hasylynyň azalmazlygy üçin onuň tohumçylygyna aýratyn üns bermeli.
Tohumçylygy tohumçylyk hojalyklaryna tabşyrmak üçin olary tohum çigitler
bilen üpjün etmegiň 3 sany ýoly bar: täze sortuň populýasiýasyny döretmek, ony
gerek mukdarda köpeltmek we sortuň hojalyk sypatlaryny başda berlişi ýaly,
ütgetmän saklamak. Soňky iki şerti biri-biri bilen gatyşdyrmaly däl, sebäbi olaryň
biri-birinden düýpgöter üýtgeşik manysy bar. Biri sorty köpeltmek barada, beýlekisi
sort aýratynlyklaryny saklamak barada.
Täze sort önümçilikde ekilýän ýyllarynda sortuň naýbaşy tohumyny sorty
dörediji seleksioner berse sortuň hilem, hasyllylygam peselmez. Nebsimiz agyrsa-da,
häzir sorty dörediji seleksioner 2-3 ýylyň dowamynda sort önümçilige
ornaşdyrylandan soň, sortuň tohumyny ýekebara seçgi görnüşinde öndürip berýär we
soňra saýlantgy tohumy tohumçylyk hojalyklaryň özleri öndürip başlaýar, seleksioner
bolsa ol işden bir ýana çekilýär. Sortuň naýbaşy, saýlantgy tohumlaryny sorta hiç hili
dahyly ýok hünärmenler öndürýärler.
Täze sortuň ekilýän meýdanyna baglylykda onuň tohumçylygy bilen birnäçe
tohumçylyk hojalyklar, dürli howa şertlerinde işläp başlaýarlar. Bu hojalyklarda seçgi,
arassalamak, sorta meňzeş dällerini aýryp zyňmak işlerini tohumçy hünärmenler
ýerine ýetirýärler.
Eger-de seleksioneriň özi öz sortuna naýbaşy we saýlantgy tohumlaryny
taýýarlasa, onda ýokarda aýdylan dawwalar bolmaýar. Bu meseläni seleksioneriň
nähili çözýänligine bolsa soňraky Döwlet synag we gözegçi tohumçylyk seljermeler
jogap berýär. Soňraky tohumyň birinji, ilkinji arkalaryny döretmek işlerini
tohumçylyk hojalyklar we kärendeçiler ýerine ýetirýärler.
Ýokarda aýdylanlardan ugur alsaň, sortuň tohum öwrülişiginiň taslamasy
aşakdakylar ýaly bolmaly.
Sortlar hiç mahalam arassa urugly bolmaýar, şonuň üçinem esasy genetiki
ütgeşmeler aşakdakylar:
1. Mehaniki garyşmalar.
2. Tebigi tozanlaşmak.
3. Mutasiýalar.
4. Tebigy seçginiň esasynda allel genleriň üýtgeşmeleriniň san gatnaşygy.
5. Şoňa meňzeş üýtgeşmeleriň seleksioneriň seçgisi esasynda emele gelmegi.
6. Sort populýasiýasynyň geterozigot gatnaşygynyň ýitmesi.
48
Okyjynyň ünsüni çekjek bolýan zadymyz, soňky 3 sebäp. Ýagny olar
tohumçylyk işimizde ýerine ýetirilmeýär we tohumçylyk baradaky instruksiýalarda
ýok. Şol bir wagtyň özünde, aýratynam, ol üç sebäbiň esasynda sortlar ilkibaşdaky
hojalyk üçin gymmatly sypatlaryny ýitirýär.
Sortuň üýtgemeginiň esasy sebäpleriniň birem kybapdaş garyndy metisligini
(geterozigotlygyny) ýitirmesidir, sebäbi häzirki sortlarymyzyň hemmesi diýen ýaly
gibridleşdirme usulynda döredilendir, şonuň üçinem olar dürli jyns öýjükleriň
birleşmesinden durýar. Bu bolsa olaryň oňaýly tarapy. Şonuň üçinem gowaça özözünden tozanlanýan ösümlikleriň hataryna girse-de, belli bir derejede keseden
tozanlanýanlygy sebäpli yzygiderli ýekebara emele seçgi onuň dürli jyns öýjükleriniň
ösümlikleriň neslinde ýitip gitmegine eltýär we olar kybapdaş bolup galýar hem-de
hojalyk sypatlaryň, tohumlaryň ýaramazlaşmagyna eltýär. Bular ýaly ýagdaý bolsa
sortuň ýitip gitmegine eltýär. Şu hili ýagdaýda seleksionerler nädip sortuň başdaky
hasyllylygyny we süýümiň hilini saklaýarlar? Olar aşakdaky usullary ulanýarlar:
1. Sorta meňzeş hasylly gowaça düýplerinden köpçülikleýin seçgi alýarlar we
olaryň tohumlaryny ekişe saýlantgy hökmünde taýýarlaýarlar. Seçginiň
mukdary 40-50 müň ösümlige barabar bolmaly we her ýylda 400-500 seçgi
ekişe, 10 ýylyň dowamynda saýlantgy hökmünde ulanylýar. Şonça wagt
geçenden soň ýa sort täze döredilen sort bilen çalşyrylýar ýa-da täzeden
şonça mukdardaky seçgi gaýtadan alynýar. Bu usul bilen işlenilende
süýüminiň hili seljerilmeýär.
2. Meýdany sorta meňzeş bolmadyk ösümliklerden arassalamak. Bu usulda
meýdan sorta meňzeş bolmadyk we keselli ösümliklerden arassalanýar,
galanlary saýlantgy hökmünde ýygnalyp, ekiş üçin tohumlyk edip
ulanylýar, bir bölegi bolsa ýene-de şolar ýaly tejribe geçirmek üçin
ulanylýar. Ol bolsa daş-töwereginde saýlantgy tohum ekilen meýdanlaryň
ortasynda ýerleşdirilýär. Bu usul alym pagtaçylaryň aýtmagyna görä, erbet
netije berenok. Bu usulda dürli ýyllarda döredilen saýlantgy tohumlar biribirleri bilen deňeşdirilmeýär.
3. Görnüşiň (sortuň) ortaçasyny almak. Her ýyl meýdanda 6 müň ösümlik
ekilýär. Olaryň arasyndan iň gowy hasylly, daşky sypatlary boýunça meňzeş
300-500 ösümlik saýlanyp alynýar. Olarda çigidiň agramy, süýümiň
uzynlygy we çykymy ölçenilýär. Onuň esasynda alnan sanlara matematiki
seljerme berilýär. Her sypat boýunça ýalňyş netije görkezenleri hasapdan
çykarylýar. Bular ýaly seljerme her sypaty üçin aýratyn edilýär. Galan
tohumlary garyşdyryp, saýlantgy tohum alynýar. Bu usulda alnan tohumlyk
çigitler nesil arkalarynda barlanylmaýar we görkezilen alamatlary daşky
howa şertleriniň täsiri astynda üýtgemekleri mümkin, şonuň üçinem sort
özüniň garyndy metisligini populýasiýada ýitirmegi mümkin we sortuň
ýitip gitmegine eltmek gorkusy bar.
4. Hatarlaryň neslini barlamak. Bu usul hem beýlekiler ýaly, ýöne bu usulda
sortlaryň içinde emeli çakyşdyrma geçirilmeýär. Saýlantgy ekilen
meýdançada göz çaky bilen boldugyça köp ösümlik seçilip alynýar.
Sypatlary boýunça barlamhanada seljerme geçirilip, ýaramaz netije
49
görkezenleri zyňylyp aýrylýar. Indiki ýyl her ösümlik çigidi aýratyn
hatarlara ekilýär. Emele gelen her maşgala seleksioner aýratynlykda baha
berlip, ýaramaz maşgalalar hasaba alynmaýar. Galan maşgalalaryň hasyly
bilelikde ýygnalýar. Olar bolsa saýlantgy tohum almak üçin maýalyk bolup
hyzmat edýär.
5. Hatarlaryň we ugurlaryň neslini gaýtadan barlamak. Bu usul öňki usuly
giňeltmek. Munda her maşgala birnäçe ýylyň dowamynda gaýtalanmalaryna
aýratynlykda baha bermek we ol iş bir ýyla çekýär hem-de seleksiýa işine
gaty meňzeş bolýar. Hakykatda, bu hili seçgi sorty gowulandyrmak üçin
ulanylýar.
6. Pedigri sistemasy. Hakykatda, bu usul köp ýyllaryň dowamynda her ýyl
gaýtalanýan ýekebara seçgi. Bu usulda müňlerçe ýekebara seçgilerden tä
birnäçe oňat uruglar alynýança dowam etdirilýär. Bu usul seleksiýa işinde
gowy bolsa-da, tohumçylykda gaty bir öwerlikli däl. Sebäbi munda,
aýratynam, seleksioner işlese sortuň düpgöter üýtgemigi mümkin.
7. Tohumlyk çigitleri saklamak we ätiýaçlyk. Seleksion uruglar sort hasabyna
giren gününden başlap, seleksioner saýlantgy tohumlyk çigidiň belli bir
mukdaryny ammara salyp ýygnap goýýar hem-de her ýyl diňe gerek
mukdardakysyny birinji arka almaga, ekmek üçin berýär. Eger-de sort 10
ýyllap ekiljek bolsa, şol döwre ýeter ýaly tohumlyk naýbaşy tohumdan 3
tonnasyny taýýarlap goýulýar we her ýyl 300 kg tohumlyk berilýär. Eger
şu düzgün gaýtalanan ýagdaýynda, täzeden seçgi alynýar, onda bolsa
seçginiň täsiri astynda sort igläp, öňki sypatlaryny ýitirýär. Ol bolsa sortuň
giň meýdanlarda ekilmegine päsgel berýär.
Ýokarda agzalan usullaryň içinde iň göwnejaýy ilkinji ýekebara seçgini köp
alyp, ätiýaçlykda saklamaklykdyr we her ýylda geregiçe köpeltmeklikdir. Çünki,
beýle edilende, sortuň başdaky genotipiki dürlüligi doly sypatda saklanyp galýar we
tohumyň hilem, hasyllylygam, özüne mahsuslygam saklanýar. Bulardan başga-da,
seçginiň netijesinde allel genleriň mukdar (san) gatnaşygam ütgemän galýar. Bular
ýaly ýagdaýda diňe tohumçylyk işiň dowamynda sorty gowulandyrmak mümkinçiligi
ýok.
Bilermenleriň aýtmagyna görä, tohumçylyk işinde yzygiderli her ýylky
ýekebara seçgi sorty gowulandyrmaga beýle-de dursun, gaýtam, sorty gaty
zaýalamagy gaty ähtimaldyr.
Eger-de täze sort uly bolmadyk meýdanlarda ekilse, onda onuň tohumçylyk
işini sorty dörediji seleksioneriň, beýleki ekinlerde edilişi ýaly, özi haýsy usuly dogry
tapsa, şol usulda hem tohumçylygyny alyp barmaly, gürrüň naýbaşy we saýlantgy
tohumlary öndürmek barada barýar.
Eger-de tohumçylyk işini tohumçy hünärmen alyp barsa, onda hökmany
suratda sort içi tozanlanmany ýola goýmaly, bu bolsa soruň başdaky genotipiki
dürlüligini saklamaga kömek eder, ýogsam sort özüniň başdaky gowy sypatlaryny
ýitiräýmegi mümkin.
Tohumçylyk işini alyp barmak juda kyn. Haçan-da sort giň meýdanlarda ekilip,
50
onuň tohumçylygy bilen birnäçe elita hojalygy işleýän bolsa, onda şol hojalyklar
tohumçylygy köpçülikleýin ýekebara seçgi esasynda nesil arkasyny barlamak
usulynda alyp barsalar, tohumçylyk üçin niýetlenen sortlar gürrüňsiz tohumlara
ýaramaz täsir edýän ýagdaýa düşýär. Elita hojalyklaryň dürli ekologiki şertde
bolanlygy üçin tebigy seçginiň täsiri astynda allel genleriň mukdar gatnaşygynyň
üýtgemegi emele geler. Bular ýaly gatnaşyk emeli seçgide-de bolup biler, sebäbi her
tohumçy özüniň ussatlygyna görä seçgi işini alyp barar. Ol bolsa köpeldilýän nesliň
kem-kemden kemelmegine elter we 2-3 ýylyň içinde hil-hili sortuň görnüşleriniň
emele gelmegine sebäp bolup, näçe elita tohumçylyk hojalygy bolsa, şonça-da sortuň
görnüşiniň emele gelmegine elter. Bu hereketi saklamagyň ýa-da gowşatmagyň ýeketäk ýoly, ol hem elita hojalyklaryň tohumlaryny biri-biri bilen sortara çakyşdyrmak
işini geçirmeli. Diňe sort içinde emeli usulda çakyşdyrma sortuň başdaky hojalyk
sypatlarynyň daşky görnüşini bir syhly, içki nesil esasy boýunça dürlüligini saklar. Bu
işi tohumçy hünärmen örän ussatlyk bilen ýerine ýetirmese, tohumçy hünärmeniň ähli
eden işini puja çykaraýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin elita hojalyklar biri-birleri bilen
her ýyl tohum alşyp-berşip durmaly.
Aýdylanlar täze gowy sortlaryň tiz döremegine we önümçilige ornaşmagyna
özüniň döredijilikli täsirini ýetirer.
Türkmenistanyň Oba hojalyk
ministrliginiň Pagtaçylyk
ylmy-barlag instituty
Kabul edilen wagty
2007-njy ýylyň
Türkmenbaşy aýynyň 15-i
K.Mammedov
INFLUENCE OF SELECTION AND SEED-GROWING UPON THE
COTTON CROP CAPACITY
The modern sorts of cotton should be of 70-80 ce/he crop capacity, fastripening, stable to droughts, diseases and pests. Ignoring the modern achievements
of molecular biology, plants genetics and other sciences bring to changes of primary
qualities of the new sorts and their degeneration.
New methods of selection should be worked out taking into consideration the
needed (high) quality of fine-fibre cotton. Salt-stableness, cold-stableness and fastripening enable to alternate the crops and decrease the harvesting waste of diseases
and pests.
Amalgamation of researchers of different fields of science and specialists at
one highly equipped scientific centre would further the raise of such growths of
cotton, promote all – round tests of sorts, their primary seed-growing and
reproduction, fibre tests at experimental weaving units, organization of collections
of seeds from cotton hot-beds through the world and so on.
New methods of elite and seed-growing activities should be worked out.
51
Special elite seed-growing units and mini-cotton plants should be established by such
scientific centres.
The reproduced seeds of one and the same sort of cotton taken from different
elit seed units located in different soil-climatic conditions should be mixed up.
К.Маммедов
ВЛИЯНИЕ СЕЛЕКЦИИ И СЕМЕНОВОДСТВА НА
УРОЖАЙНОСТЬ ХЛОПЧАТНИКА
Современные сорта хлопчатника должны быть урожайными до 70-80 ц/
га, скороспелыми (90% сырца l-гo сорта), устойчивыми к засухе, болезням и
вредителям. Игнорирование селекционерами современных достижений
молекулярной биологии, генетики растений и других наук приводит к
изменению первоначальных качеств и скорому вырождению нового сорта.
Для селекции необходимо разработать новую методику с упором на
высокое качество тонкого волокна. Габитус компактного и урожайного куста с
естественным предуборочным листоопадением должен отвечать требованиям
механизированного возделывания и уборки экологически чистого хлопка.
Солевыносливость, холодостойкость и скороспелость позволят чередовать
культуры в полевом севообороте и снижать потери от болезней и вредителей.
Объединение разнопрофильных учёных и специалистов в едином
информационно и технически оснащённом научном центре содействует
скорейшему достижению целей. Так, под полным контролем авторов должны
проводиться комплексные испытания сортов, их первичное семеноводство и
размножение, испытание волокна в опытно-экспериментальном ткацком
производстве. Следует организовать коллекцию и сбор семян из мировых очагов
происхождения хлопчатника, их испытание в фитотроне, биотроне и в поле с
выделением полезных признаков и контролирующих их генов, разработать
условия стабильного сохранения признаков при сорторазмещении, разработать
методы гибридологического или иного переноса нужных генов и хромосом,
методы химической и радиационной мутаций.
Предлагается разработать и внедрить современные методы элитной и
семеноводческой деятельности, для чего при каждом научном центре следует
открыть специализированное элитно-семеноводческое хозяйство и минихлопзавод. Размножаемые семена одинаковых сортов из находящихся в
различных почвенно-климатических условиях элитных семхозов предлагается
смешивать путём обмена и внутрисортовой гибридизации.
52
O.Sцэьnow, N.Taэlakow
PESTISIDLERI WE NITRAT DÖKÜNLERINI ULANMAKLYGY
KADALAŞDYRMAKLYGYŇ UGURLARY
Oba hojalygyny dьэpgцter цzgertmek we tebigaty goramak baradaky
gцrkezmelerden ugur alyp, цsьmlikleri goramak meselesine aэratyn uly ьns berildi
we dьэpli ьэtgeşmeler girizildi. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine, kesellerine,
haşal otlaryna garşy utgaşdyrylan göreş çäresi işlenilip, önümçilige üstünlikli
ornaşdyrylyp başlandy. Utgaşdyrylan göreş çäresiniň esasy maksady fitosanitar
ýagdaýy gowulandyrmak, zyýan berijileriň görnüşlerini, ýaýraýşyny öňünden
çaklamak, anyklamak, ekinlere ideg işlerini kämilleşdirmek, peýdaly mör-möjekleri
netijeli ulanmak, zyýankeşleriň ekinlere zyýan berip biljek derejelerini anyklamak we
olaryň sany kesgitlenen derejeden geçensoň, himiki serişdeleri ylmy esasda, rejeli
peýdalanmaklygy maksada laýyk hasap edýär [3]. Diýmek, has howply ýagdaýlarda
pestisidleri ulanmaklygyň hökmany zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin olary diňe
zerurlyk bolan, ýagny zyýankeşler hasyla howp salýan wagtynda, diňe ýüze çykan
ýerinde ulanmaly. Ulanylmazyndan öňürti olaryň daşky gurşawa edýän täsiri baradaky
ekotoksikologiki häsiýetleri öwrenilmelidir. Bu meselä seljerme berlende şeýle
görkezijilere aýratyn üns berilmelidir:
– toprakda dargaman saklanyjylygy; toprak biotasyna edэдn tдsiri; toprak
gatlaklarynda hereketlenişi; цsьmlik synalaryna tдsiri; gün şöhlesiniň täsirinde
dargaýşy; ösümlik önüminde toplanyşy; howada saklanyşy; suwda saklanyşy;
uçujylygy, bugarman saklanyşy; adamlar we haэwanlar ьзin awulylygy; adam we
haýwan bedeninde toplanyşy.
Şu görkezijileriň netijelerini jemläp, pestisidleri awulylyk derejeleri boýunça
4 synpa (1 – az, 2 – orta, 3 – howply, 4 – örän howply) bölýärler. Şu seljermeleriň
netijesinde kärendeçilere, hünärmenlere mümkin boldugyça 1-2 synplara degişli
aşakdaky serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär:
ü gowaзada raundap, fiэzilad, targa-super gerbisidlerini;
bronotak, witawaks tohum awulaэanlaryny; talstar, desis, konfidorinsektisidlerini; dropp-ultra, finiş-defoliantlaryny;
ü dдneli ekinlerde illoksan, topik, hussar gerbisidlerini; diwident, winner
tohum awulanэanlaryny; tilt, granit, alto fungisidlerini; arriwo, bazudin
insektisidlerini ulanmaly.
Pestisidleriň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we daşky gurşawy
tämiz saklamak maksady bilen olaryň ulanylyşynyň kämilleşen ugurlary teklip edilýär.
1. Pestisidleriň tiz dargaýan, ýokary netijeli, daşky gurşawa az täsir edýän
görnüşlerini saýlamak.
2. Olaryň saýlap täsir edýän, peýdaly mör-möjeklere zyýansyz görnüşlerini
ulanmak.
3. Un, ergin görnüşlerinden başga digir-digir, aýrezol, kapsulaly görnüşlerini
saýlap almak.
4. Tohumlary berk эapylэan tohum awulaэjy enjamlarda awulamak.
53
5. Çäklendiriji (ulanylyş möçberi, wagty) şertleri doly talaba laýyk üpjün
etmek.
6. Pestisidler daşalanda, saklananda we ulanylanda ähli howpsuzlyk çärelerini
doly berjaý etmek.
Oba hojalyk ekinlerinden gowy harytlyk hili bolan, ekologiki taýdan arassa,
ýokary hasyl almak hem-de olaryň dürli kesellere durnuklylygyny artdyrmak üçin
ilkinji nobatda ekin ekiljek ýerlere ýerli we mineral dökünleri göwnejaý ulanyp,
topragy ýokumly iýmit maddalary, esasan hem azot, fosfor we kaliý bilen
baýlaşdyrmak iň esasy çäreleriň biridir. Ekinleriň toprakdaky suw-iýmit düzgüni
talaba laýyk berjaý edilen ýerlerde ösümlikde kökden we ýaprakdan (fotosintez)
iýmitleniş ýokary depginde geçýär. Iýmit maddalary bilen doly üpjün edilen
ösümlikler az keselleýär. Oba hojalyk ekinlerinde duşýan keseller, esasan, iýmit
ýetmezçiliginde ýüze çykýar.
Ähli oba hojalyk ekinleri ösüş döwrünin birinji ýarymynda, ýagny
gögerenden gülleýänçä azody we fosfory, hasyl synalary emele gelýän döwri –
fosfory we kalini has köp talap edýär. Şeýle-de, gök ekinlerden kelem, salat ýaly
ýapragy iýilýänler azody; sugundyr, kartoşka – kalini; pomidor – fosfory; hyýar –
fosfory we kalini köp özleşdirýänligi bilen tapawutlanýar. Kelem kelle emele
getirýänçä azody, kelle emele getirýän döwri fosfory we kalini köp özleşdirýän
bolsa, pomidor hasyla duranda azody we kalini köp özleşdirýär. Hyýar hem ösüş
döwrüniň birinji ýarymynda azody, fosfory köp özleşdirýän ekinlere degişlidir.
Sogan soganlygy emele gelýänçä azody, soganlygyň emele gelýän we ösýän döwri
– fosfory we kalini güýçli talap edýär. Bakja ekinleri-de ösüşiniň ilki döwri azody
fosfordan we kaliden köp özleşdirýär.
Eger-de, ekinlere azodyň ýokarlandyrylan mukdary ýa-da diňe özi ulanylsa,
onda azot organiki birleşmeleriň – aminokislotalaryň, beloklaryň düzümine girmekden
basga-da, azot kislotasynyň duzlary – nitratlar görnüşinde ýaprakda, hasylda
toplanýar. Ösümligiň bedeninde nitratlar kadaly saklananda nitratreduktaza,
nitritreduktaza fermentleriniň täsirinde ammiaga çenli dikelýär. Emele gelen ammiak
degidrogenaza fermentleriniň täsirinde ketokislotalara birlesip, aminokislotalary emele
getirýär. Nitratlaryň ammiaga çenli dikelmegi, aminokislotalaryň sintezlenmegi,
esasan, ösümlikleriň kök ulgamynda, klubenlerde, köki miwelide geçýär. Ilkinji bolup
glutamat, asparatdegidrogenaza fermentlerinin kömegi bilen glutamin we asparagin
kislotalary sintezlenýär. Bu aminokislotalar gaýtadan aminirlenme ýoly bilen
aminotransferaza fermentleriniň täsirinde beýleki aminokislotalary emele getirýär.
Ösümlikde nitrat azody köp toplananda nitrat-, nitritreduktaza, glutamin-,
asparaginsintetaza fermentleri degislilikde ammiagy we aminokislotalary emele
getirmäge ýetişmeýär. Şonuň üçin nitratlaryň dikeldilmedik bölegi ätiýaçlyk
görnüşinde ýaprakda, hasylda toplanýar. Ýaprakda, hasylda toplanan nitratlar
ösümligiň özüne zäherli täsir etmeýär. Emma olar artykmaç mukdarda toplansalar
mallara we adamlara uly zyýan ýetirmekleri mümkin [2, 4, 5].
Haýwanlarda, adamlarda nitratlar garyn we aşgazan ulgamynda, garyn-içege
ýollarynda nitritlere öwrülýär. Nitritler gan damarlaryna geçip, gemoglobiniň
düzümine girýär. Belli bolsy ýaly, gan ähli öýjüklere, dokumalara gemoglobine
54
birleşen kislorody getirýär. Nitritler bolsa kislorod bilen öwrülişikli täsirleşmä girip,
gemoglobinde kislorodyň ornuny tutýar we oksigemoglobin birleşmesini emele
getirýär. Şeýle-de, gemoglobine kislorod birleşende-de, aýrylanda-da onuň
düzümindäki demir iki walentliligini (Fe2+) saklaýar. Kadaly ýagdaýda demir hemişe
iki walentli bolýar. Nitritler gana geçende gemoglobini metgemoglobine çenli
okislendirýär. Demir iki walentli ýagdaýyndan üýtgäp, üç walentli görnüşe öwrülýär
(Fe2+ → Fe3+). Şu ýagdaýda ganyň gyzyl reňki goňur reňke geçýär. Metgemoglobin
özüne kislorody birleşdirip bilmeýär. Netijede, ganyň iň esasy wezipeleriniň biri
bolan – kislorody bütin bedeniň hemme ýerine geçirijilik wezipesinden mahrum
bolýar. Bedende kadaly dem alyş bozulýar. Nitratlar bedende nitritlerden başga-da,
nitrozamidler, nitrozaminler ýaly bedene güýçli we örän ýaramsyz täsir edýän, jynsy
öýjüklerde mutasion özgerişleri geçirýän birleşmeleri-de emele getirýär. Bu
maddalaryň täsirinde dogabitdi keseller, ýürek-gan damarlary, öýkeni keselli çagalar
dünýä inýärler. Şeýle-de, sarylama, akganlylyk, azganlylyk, demgysma, zeperli çişler
(rak) ýaly howply keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Şular ýaly howply
kesellerden goranmak üçin dökünleri, aýratyn-da azot dökünlerini ylmy esasnamalara
salgylanyp, dogry ulanmak maslahat berilýär.
Dürli ylmy maglumatlar boýunça mallaryň ot-iýminde gury maddanyň
hasabyna nitratlaryň saklanyşy 0,1-0,4 göterimden geçmeli däldir. Eger şu
görkezijiden nitratlaryň mukdary köp toplansa, onda ol ot-iým mallar üçin zäherli
hasaplanýar. Görkezilen mukdaryň tapawudynyň köp bolmagy otuň mukdaryna, otuň
we mallaryň görnüşine bagly bolýar.
Garassyz, baky Bitarap Türkmenistanda azyk howpsuzlygy doly üpjün edildi.
Ýurdumyz öz öndürýän gallasy bilen ilatymyzy bolelin ekleýär. Häzirki döwürde
azyklyk önümleri bol öndürmek bilen bir hatarda, ýokary hil sypaty bolan azyk we
ot-iým önümlerini öndürmek meselesi aýratyn uly orun tutýar. Belli bolşy ýaly,
öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hiline zyýanly mör-möjeklere, ekinleriň
kesellerine garşy ulanylýan dürli awuly pestisidler hem-de azot dökünleriniň nädogry
ulanylmagy nitratlaryň artykmaç toplanmagyna düýpli täsir edýär. Şeýle ýagdaýda otiým we azyk önümlerinde nähili ýol bilen nitratlaryň we pestisidleriň saklanyşyny
azaldyp ýa-da öňüni alyp, ekologiki taýdan arassa gowy hilli önümi öndürmeli diýen
sorag ýüze çykýar. Bu soraga gysgaça şeýle jogap hem bermek bolar, ýagny azot
dökünlerini, pestisidleri ylmy esasda dogry ulanmaly.
Ýurdumyzyň toprak-howa şertinde mineral dökünlerden ekologiki arassa hasyl
almak üçin gök we bakja ekinlerine diňe mineral dökünleri ulanman, olary ýerli
dökünler bilen utgaşdyryp ulanmak maslahat berilýär. Bu ekinlerde nitratlaryň
saklanyşyny düýpli azaltmak üçin güýz sürüminiň öň ýany ýere fosfor dökünleri bilen
gektara 20-30 tonna ýarym çüýrän dersi ýa-da ýerli dürüşde döküni ulanmaly.
Ýurdumyzda millionlap tonna galla öndürilýär we bugdaýyň hasyly
ýygnalandan soň, ekin meýdanlarynda ummasyz köp mukdarda saman galýar. Şol
samany kagyz senagaty, ot-iým üçin ulanmakdan başga-da 3:1 gatnaşygynda derse
goşup hem-de bu garyndynyň her bir tonnasyna 10 kilogram ammiak selitrasyny we
20 kilogram superfosfaty garyp, 3-4 aý çygly we ýapyk ýerde çüýredilende gara
mallaryň dersinden hem güýçli dürüşde dökün alynýar. Eger gara mallaryň dersiniň
55
1 tonnasynda ortaça 5 kilogram azot, 1,5-2 kilogram fosfor we 4-5 kilogram kaliý
saklanýan bolsa, dürüşde döküninde azodyň mukdary 8 kilogram, fosforyňky 3 we
kaliniňki 6 kilograma çenli ýokarlanýar. Häzir ýurdumyzyň medeni sebitlerinde
bakylýan mallardan 12 million tonna golaý ders almak mümkinçiligi bar bolsa, ondan
15-16 million tonna dürüşde dökün öndürmäge mümkinçilik döreýär. Her ýylda 1
gektar meýdanyň hasabyna 30 tonnadan ulanylanda-da, her ýylda 500 müň gektar
ýeri gurplandyryp, mineral dökünleriň ulanylýan möçberini ortaça 1,5 esse azaltmak
boljak. Ders, aýratynam, güýçlendirilen dürüşde döküni ýokary hil sypaty bolan
ekologiki taýdan arassa hasylyň iň elýeterli we arzan çeşmesidir.
Biziň geçiren tejribelerimize görä, diňe mineral dökünler ulanylan ýerlerden
50 sentnere çenli galla we pagta hasyly alynýan bolsa, mineral dökünleriň azaldylan
möçberinde 30-40 tonna dürüşde dökün berlende gowaçanyň we bugdaýyň
hasyllylygy 60 sentnerden-de geçýär. Gawunyň Garrygyz sortunyň hasyllylygy 350
sentnere ýetýär. Düzümindaky gantlylyk 17-18 göterim bolup, nitratlaryň saklanyşyda rugsat edilen çäkden ýokary geçmeýar.
Ýerli, organiki dökünleriň has amatlysy gyzyl kaliforniýa gurçugynyň öndürýän
biogumysydyr. Ekin meýdanynyň her gektaryna 30 tonna ders ulanylýan bolsa,
biogumusyň 1 tonnasy ýeterlikdir. Gök-bakja ekinleriniň her düýbüne 500-600 g, miweli
baglaryň nahallaryna 800-900 g biogumus berilse, hasyllylyk 1,5-2 esse ýokarlanýar.
Biogumusy ýyladyşhanalarda ulanmak has-da amatly. Sebäbi ýapyk şertde ders ulanylsa,
ondan bölünip çykýan merkaptan gazlary işleýänler üçin zyýanlydyr. Şonuň üçin
ýyladyşhanalarda zyýankeşlere garşy pestisidleri az ulanyp, peýdaly mör-möjekleri
(altyngözlije, fitoseýulus) we biogumusy ulanmak örän ähmiýetlidir.
Hasylda nitratlaryň saklanyşyny azaltmagyň ýene bir has täsirli çäresi – azot,
fosfor, kaliý dökünlerini 1,0 : 0,7 : 0,3 gatnaşykda ulanmakdyr, ýagny ýere dökülen her
56
100 kilogram azoda 70 kilogram fosfor we 30 kilogram kaliý döküni berilmelidir.
Şeýle-de, gök-bakja ekinlerine azot dökünleri, esasan, ekinler hasyla durýança – gülläp
başlaýança ulanylmalydyr. Geçirilen barlaglara, tejribelere görä, gök-bakja ekinleriniň
hasylynyň ýygnalmagyna 35-40 gün galandan soň, azot dökünlerini ulanmak gowy
netije bermeýär. Onuň esasy sebäbi-de hasylda nitratlar artykmaç toplanyp başlaýar.
Dökünler dogry gatnaşykda sazlaşdyrylyp ulanylanda ösümlik keselleri az ýüze
çykýar. Hasylyň hili has gowulanýar, gök-bakja ekinlerinde gantlaryň, witaminleriň,
kartoşkada krahmalyň, şugundyrda gandyň, bugdaýda belogyň, kleýkowinanyň
toplanyşy ýokarlanýar. Gowaçada pagtanyň çykymy, süýümiň berkligi, uzynlygy
artyp, hojalyk-tehnologiki sypatlary düýpli gowulanýar.
Hormatly babadaýhanlarymyza ekerançylykda uly üstünlikleri gazanmak,
ekologiki taýdan arassa, ýokary hasyly öndürmek üçin ösümlikleri kesellerden, haşal
otlardan, zyýan beriji mör-möjeklerden gorap saklamak, dökünleri ylmy esasda dogry
ulanmak barada beýan edilen maglumatlary öz iş tejribelerinde peýdalanmaklaryny
maslahat berýäris.
S.A.Nyэazow adyndaky
Tьrkmen oba hojalyk uniwersiteti
Kabul edilen wagty
2007-nji ýylyň
Gurbansoltan aýynyň 3-i
EDEBIЭAT
1. Врочинский К.К., Маковский В.Н. Применение пестицидов и охрана
окружающей среды. – Киев, 1979.
2. Измаилов С.А. Азотный обмен в растениях. – М.: Наука, 1976. C. 210.
3. Союнов О. Вопросы защиты растений от вредителей и болезней //
Проблемы освоения пустынь. 1998. №6.
4. Taýlakow N., Kürşenowa A. Ösümlikleriň iýmitlenişiniň diagnostikasy. –
Aşgabat, 1995. 35 s.
5. Ягодин Б.А., Смирнов П.М., Петербургский А.Б. и др. Агрохимия. – М.:
Агропромиздат, 1989. C. 639.
O.Soyunov, N.Taylakov
WAYS OF OPTIMIZATION OF PESTICIDES AND NITRATE
FERTILIZERS APPLICATION
The article concerns pesticides application in the system of integrated method
of combating pests, diseases and wllds of agricultural crops. The main purpose of
this ecologically pure method is to improve phitosanitary condition of fields under
crops, scientifically based application of bioagents and rational use of selective
57
pesticides, paying attention to their ecotoxicologic parameters. Thus, pesticides of 12 grades of danger are recommended for use. They quickly decompose into natural
components, have good results in decreasing the number of pests and do not bring
to ecologic disbalance in agribiocenosis.
As the result of their long-term investigation the authors of the article propose
differential application of nitrate fertilizers, taking into consideration the types of
crops and ecological condition. Monitorial investigation of nitrates accumulation in
the body of a person and animal showed that nitrates turn into nitrites under the
influence of ferments; after that nitrites affect gemoglobin. The authors of the article
propose scientifically – based application of organic – mineral fertilizers. Methods
of preparation of ecologically pure compost fertilizers are given.
О.Союнов, Н.Тайлаков
ПУТИ ОПТИМИЗАЦИИ ПРИМЕНЕНИЯ ПЕСТИЦИДОВ И
НИТРАТНЫХ УДОБРЕНИЙ
В работе рекомендуется применение пестицидов в системе
интегрированного метода борьбы с вредителями, болезнями и сорняками
сельскохозяйственных культур. Цель данного экологически чистого метода
заключается в улучшении фитосанитарного состояния посевных полей, научнообоснованное применение биоагентов на местах вспышки вредителей,
рациональное применение селективных пестицидов. При применении
пестицидов следует обратить внимание на экотоксикологические их параметры.
Рекомендуется применение лишь пестицидов относящихся к 1-2 классу
опасности, которые быстро разлагаются на компоненты природной среды и
дают желаемые эффекты в снижении численности вредителей, не разрушая
экологического равновесия в агробиоценозах.
В результ ате многолетних исследований авторы рекомендуют
дифференцированное применение нитратных удобрений с учетом видов культур
и экологической обстановки. Мониторинговое исследование кумуляции
нитратов в организме человека и животных, поступающих с продуктами
питания, показало, что нитраты под действием ферментов превращаются в
нитриты, которые ингибируют действия гемоглобина. Авторы ст атьи
предлагают научно-обоснованное применение органо-минеральных удобрений
по агрорекомендации. Описаны методы приготовления и применения
экологически чистых компостных удобрений.
58
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA
НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ
SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN
№2
2007
M.Ş.Täşliýew, D.S.Ragimowa, Wl.S.Sibirýow, A.O.Çaryýewa
KÖPETDAG ETEK EPINIŇ WE BOKURDAK MONOKLINALYNYŇ
GÜNDOGARYNDA ÝURA ÇÖKÜNDILERINIŇ LITOLOGIKI
AÝRATYNLYKLARY WE GALYŇLYKLARY
Turan plitasynyň günortasynda ýerleşýän ýura çökündileri we öz litologiki
alamatlary boýunça olara golaý bolan galyň bolmadyk ret gatlaklyklary özbaşdak
nebitgazly gatyny düzýär. Häzirki wagtda olar bu sebitde nebitgaz gözleg işleriniň
esasy ýerleri bolup, olaryň stratifikasiýasyny, jisim düzümini we galyňlyklaryny
öwrenmekligiň diňe bir uly ylmy ähmiýetiniň däl-de, amaly ähmiýetiniň hem
boljakdygyny görkezýär.
Bokurdak monoklinalynyň we Köpetdag etek epiniň gündogar sebitleriniň
çäklerinde ýura çökündi formasiýalar doly stratigrafiki göwrümde buraw işleri bilen
diňe bir geologiýa-gözleg meýdançada – Gubaçägede açyldy [4].
Soňky agzalan meýdança, Köpetdag etek epiniň demirgazyk ýapysynda,
Bokurdak monoklinalynyň has golaýynda ýerleşýär. Gubaçäge meýdançasynda bazal
ret-aşaky ýura formasiýasy, has dogrusy, ýokarky paleozoý-trias aralyk toplumynyň
gyzyl reňkli wulkanogen çökündi jynslaryndan dörän, onçakly galyň bolmadyk (40 m
töweregi) tozma gabygynyň görnüşinde bildirýär. Bu meýdanda tozma gabygy
gaýtadan çöken bolmagy mümkin. Oýukly fundament çykydynyň çäkliginde ýerleşýän
Bokurdak meýdançasynda onuň ýoklugy [2], bazal formasiýanyň galyňlygy Köpetdag
geosinklinalyna tarap ösjekdigini görkezýär.
Ret-aşaky ýura bazal formasiýada ýa-da has gadymy ýokarky paleozoý-trias
düzümlerinde, Gubaçäge we Bokurdak meýdançalarynda buraw işleri bilen ýüze
çykarylan orta ýura terrigen kömürli formasiýa gorply ýerleşýär. Bu formasiýanyň
üstünde, esasan, oksford ýaşly karbonat formasiýasy ýerleşýär. Soňky agzalan
formasiýa Bokurdak monoklinalynyň demirgazygynda we Merkezi Garagum
gümmeziniň sebitlerinde ýuwaş-ýuwaşdan oňat ýaýlaňlanan karbonat-terrigen
formasiýasy bilen çalyşýar. Has demirgazykda kelloweý-oksfordyň terrigen
formasiýasy ýerleşýär. Seredilýän meýdanlarynyň köp böleginde kimerij-titon
çökündileri duzly sulfat-karbonat düzüminden durýar; sebitiň gündogar çetinde ol
ewaporit formasiýasyna lateral geçýär [1].
Köp ýyllaryň dowamynda W.N.Melihow we Wl.S.Sibirýow, çuň guýularyň
karotaž diagrammalaryna analiz berdiler we kesimleriň nebitgazgeologiki bölünmesini
işläp düzdüler. Öwrenilýän sebitiň ýura kesimleriniň stratifikasiýasy hem-de
korrelýasiýasy üçin olaryň alan netijeleriniň uly ähmiýeti bar.
59
W.N.Melihowyň we Wl.S.Sibirýowyň 1988-nji ýylda işläp düzen we soňra azowlak üýtgeşmeler we goşmaçalar girizilen ýokarky ýura we aşaky mel
çökündileriniň nebitgaz-geologiki kesimleriniň bölünişiniň shemasyna laýyklykda [5],
ýura çökündileriniň kesimi nebitgaz-geologiki bölünende şu aşakdaky, ýagny aşaky
ýura (J1), aalen-baýos (J2a-b), bat (J2bt), kelloweý (J2k), duzaşagy oksford (J3o),
sulfat-karbonat geçiş (J 3o 23-km1), duzly kimerij (J 3km) we duzýokary titon (J 3t)
gatlaklyklara bölünýär. Şeýle bölünmäni esas edinip, stratigrafiki aspektde
gatlaklyklary erkin peýdalanmak termini hökmünde garamak bolar. Şunlukda,
Gubadagda we Merkezi Köpetdagda ýerüsti açyklyklarda oksfordyň we kimerijiň
galtaşýan sulfat-karbonat geçiş gatlaklyklarynyň çökündilerini umumy geologiki
aýratynlyklary boýunça, kimerij mertebesine doly degişli etmek mümkin.
Bokurdak monoklinalynyň, Köpetdag etek epininiň we Murgap çöketliginiň
sepleşýän etraplarynyň ýura çökündileriniň biostratigrafiki öwrenilişiniň häzirki
derejesinde ýokarda garalan nebitgaz-geologiki bölümleriniň hemmesini umumy
stratigrafiki şkalanyň esasy stratigrafiki bölümlerine (stratonlara) ýaş boýunça belli
bir derejede baglanyşdyrmak bolar. Şonuň üçin, bu ýerde alnan mertebe serhetleri
belli bir derejede gipotetikidir.
Indi, ýokarky paleozoý-trias çökündileriniň ýura sistemasyny düşeýän dag
jynslaryndan başlap, berrias-walanžiniň aşaky gorizontlary bilen gutaryp, öwrenilýän
stratonlaryň litologiki sypatyna we galyňlygyna ýüzleneliň.
Ýokarky paleozoý-trias çökündiler. Bu gatlaklaryň öwrenilýän sebitinde
Bokurdak, Gubaçäge, Günbatar Şorbogaz, Şordepe we Gündogar Sarahs
meýdançalarynda ýura gatlaklarynyň aşagynda burawlamak arkaly açyldy.
Ýokary paleozoýdan gadymky fundamentiniň üstüni iň täze tektoniki
bölünişiniň shemasyna laýyklykda, Merkezi Türkmenistanyň Günortasynda Çirli–
Kazy we Günorta–Garagum uly massiwleri synlanýar [2]. Bu massiwler
submeridional oriýentirlenen Yzgant–Gäzli giň çöketligi bilen bölünen. Günorta–
Garagum massiwiniň we Kaka–Mäne çöketliginiň sepleşmesi uly tektoniki ýaryklar
ulgamy boýunça geçýär. Bu ýaryklar ulgamy Bokurdak–Tejen zolagyny düzýär. Bu
zolak tektoniki aktiwleşen. Oňa fundamentiň Oýukly, Sengerli we Garajaowlak
çykytlary sepleşýär. Bu ýere çökündi örtüginde, antiklinal belentliginiň Kümmet–
Garajaoglak zolagy gabat gelýär.
Burawlamagyň maglumatlaryna görä, Bokurdak meýdançasynda aalen-baýos
çökündileriniň gös-göni aşagynda orta, seýrek halatlarda esasy ýa-da turşy düzümli
wulkanogen-çökündileri we hut wulkanogen jynsly gatlaklyk ýatyr. Çal we ala reňkli
psammit we psammit-psefit tuflar agdyklyk edýär. Olar gatlaklygyň ýokarky
böleginde esasy effuziwler bilen, ýagny galyňlygy 15 m bolan gögümtil çal andezit
porfiritler bilen örtülýär (1-nji tablisa).
Gubaçäge meýdançasynyň 2-nji guýusynda, 4950–4986 m çuňlukdan ýokarky
paleozoý-trias çökündilerinden görnükli kern nusgalar alyndy. Burawlanyp açylan
çökündiler goňrumtyl-mele wulkanogen-çökündilerden (wulkanomikt konglomeratlar,
60
tufolawlar, tufogen brekçileri) we gyzyl reňkli toýunly alewrolitlerden hem-de
argillitlerden ybaratdyr.
Gubaçägeden alnan kern nusgalaryny petrografiki barlagdan jikme-jik geçiren
N.Ç.Mawyýewiň alan netijesine görä, bu çökündiler gadymy wulkanyň ýapgyt
jynslary we onuň delýuwial fassiasy bolmaly. Onuň pikiriçe, wulkan andezitli, bazaltandezitli we riolit düzümli lawalary we tufolawly jisimleri çykaran bolmaly. Emele
gelen dag jynslarynyň dargamaklary wulkanomikt ownan jynslara öwrülen brekçi we
çagyl-galka materiallarynyň çökmegine getiripdir. Ýokarda ýatlanylyp geçilen gadymy
gyzyl reňkli alewrolitler we argillitler hem wulkaniki sebitiň çökündi jisimlerine
degişlidir.
Eger Turan plitasynyň günortasyndaky çökündi platforma örtügini düşeýän
aralyk toplum (kompleks) emele gelende wulkaniki işjeňlik perm we trias
döwürlerine gabat gelýändigi göz öňünde tutulsa, onda Gubaçäge meýdançasynda
açylan gyzyl reňkli jisimler hem perm-trias çökündilere degişlidir diýip hasap edip
bolar. Goňşy Bokurdak meýdançasynda 1-nji guýuda açylan wulkanogen-çökündi
gatlaklygynyň hem şol döwürde dörän bolmagy ähtimal.
Köpetdag etek epiniň günorta-gündogaryndaky we Mäne–Çäçe muldasyndaky,
takmynan trias ýaşly wulkanogen çökündi gatlaklary oksfordyň karbonat
çökündileriniň gös-göni aşagynda açylypdy. Günbatar Şorbogaz meýdançasynyň 1-nji
guýusynda we Şordepe meýdançasynyň 1-nji guýusy burawlananda, oksford O5
nebitgaz gorizontynyň aşagynda 5000–5142 m çuňlukda şlam nusgalyklary alyndy. Ol
nusgalyklar M.S.Žmud tarapyndan turşy hem-de orta düzümli tuflaryň we
tufolawlaryň ownuklary diýlip kesgitlenildi. Şeýlelik bilen, bu sebitde giatus (ýagny
kesimde çökündileriň bolmazlygy) irki we orta ýuranyň hemmesine degişli bolup
biler.
Galyňlygy onçakly uly bolmadyk (46 m) gyzyl reňkli perm-trias çökündileri
Sarahs çuňluk ýaryk zolagynyň oksfordynyň aşagyndan hem açyldy. Bu ýeriň
Gündogar Sarahs meýdançasynyň 1-nji guýusynda ol çökündileriň üsti 4890 m
çuňlugy burawlanyp ýetildi. Bu guýynyň 268 m altitudasy hasaba alnanda permotriasyň üsti şu ýerde – 4622 m çuňlukda ýerleşýär (3-nji tablisa).
Ret-aşaky ýura çökündileri. Gubaçäge meýdançasynyň 2-nji guýusynda trias
çökündileriniň üstünde galyňlygy 40 m bolan jyns petdesi gorply ýatyr. Bu petdäni
biz ýa tozma gabygy, ýa-da onuň gaýtadan çökmeginiň önümi diýip hasap edýäris.
Bu çökündi petdäniň stratifisirlenmegiň netijesinde soňky çaklama degişli bolmagy
has ahmal. Muny 4910–4950 m aralykdaky standart we radioaktiw karotaža esaslanyp
aýdyp bolýar. Esasan alewrolitlerden we argillitlerden ybarat bolan bu petdäniň retaşaky ýura ýaşy Türkmenistanyň açyk sebitleriniň çökündilerine meňzeşdirilmek
esasynda kesgitlenilýär.
Aalen – baýos çökündileri. Garalýan ýerleriň çäklerinde orta ýura
gatlaklarynyň aşaky bölegini düzýän bu çökündileriň üsti burawlamak bilen Gubaçäge
(2-nji guýuda 4762 m çuňlukda), Bokurdak (3816 m çuňlukda) we Deňli
meýdançalarynda (2-nji guýuda 3580 m çuňlukda) açyldy. Doly galyňlykda
61
62
Bellik:
Al – guýynyň altitudasy, m;
D – guýynyň düýbi ýa-da senagat-geofiziki zondlaşdyrmanyň çuňlugy, m;
E – guýudaky stratigrafik bölümiň (stratonyň) etekdäki ýatyşynyň çuňlugynyň belligi, m;
G – stratonyň umumy galyňlygy, m;
A – stratonyň açylan doly däl galyňlygy, m. Guýuda iň gadymy açylan stratigrafiki bölüminiň doly däl galyňlygyny görkezýär. Bu ýagdaýda “E” sütüninde çyzyk
goýulýar, sebäbi stratonyň etegi açylmandyr;
Gt – giatus (lat. hiatus – deşik, bolmazlyk). Çökündi emele gelmeginiň arasy üzülmekliginiň ýa-da onuň soňky doly köwülmesiniň netijesinde geologik kesiminde
stratonyň ýoklugyny görkezýär;
* – Gäwersdagda Zireköw meýdançanyň 1-nji guýusynda üste süýşmäniň ýokary blogunda doly açylmadyk oksford çökündileriniň aşaky çäkliginiň çuňlugy
görkezilen; aşakda düýpli ýatyşdaky eoseniň toýun-karbonat çökündileri ýerleşýär.
Bokurdak strukturalar toplumynda, Gäwersdagda we Murgap çöketliginde ýerleşýän çuň guýularda
ýura çökündileriniň stratigrafiki bölünmesi we galyňlygy
1-nji tablisa
burawlanyp, olar diňe iki meýdançada, ýagny Gubaçägede we Bokurdakda
(degişlilikde, 113 we 114 m) geçildi. Deňli meýdançasynda burawlamak bilen bu
çökündileriň diňe ýokarky 30 metri geçildi (1-nji tablisa). Demirgazyga tarap,
öwrenilýän meýdanyň çäginiň daşynda, Humly meýdançasynyň 1-nji guýusynda
aalen-baýos çökündileriniň doly galyňlygy eýýäm 184 metre çenli artýar. Bu
çökündileriň kesiminiň düýbünde gorpuň barlygy çaklanylýar. Çökündiler kömürlenen
ösümlik galyndylary bilen baýlaşan çal reňkli dykyz terrigen jisimlerden düzülen. Bu
ýerde alewrolitler, çäge daşlar (seýrek däl ýagdaýlarda hekliräk) we goýy-çal
argillitler gezekleşýär. Çökündiler “çalt” fassial çalyşmalara ýykgyn edýär.
Submeridional ugruny synlanyňda Bokurdak–Tejen ýaryk zolagyň merkezdäki
gadymy çökündileriniň granulometriki düzüminiň gowşak bildirýän gödekleşmekligi,
ondan daşlykda bolsa kesimleriň toýunlylygynyň belli bir ýokarlanmagy bildirýär.
Bat çökündileri. Bat mertebäniň çökündileri burawlamak arkaly doly
galyňlykda Gubaçäge, Bokurdak we Deňli meýdançalarynda açyldy. Öwrenilýän
sebitiň galan meýdançalarynda olar, Gündogar Sarahs meýdançasynda bolşy ýaly, ýa
çuň ýatandyklary sebäpli burawlanyp ýetilmedi, ýa-da kesimde ýok.
Kerniň nusgalyklaryndan hem-de standart we radioaktiw karotažyň
diagrammalaryndan çen tutsaň, bat çökündileri gatlaşýan çal reňkli gabaraly çäge
daşlardan, alewrolitlerden we argillitlerden, kähalatlarda argillitleriň ýukajyk
gatjagazlary bilen çal mikrodäneli hek daşlardan ybarat. Bu çökündileriň galyňlygy
Gubaçägäniň 2-nji guýusynda 35 m, Bokurdagyň 1-nji guýusynda bolsa 56 metre
deň. Demirgazyga tarap, ýagny Deňli meýdançasynyň 2-nji guýusynda ol 101 m-e,
Humly meýdançasynyň 1-nji guýusynda bolsa 177 m çenli artýar.
Kelloweý çökündileri. Bu çökündiler doly galyňlykda bat gatlaklaryň açylan
meýdançalarynda, burawlamak arkaly açyldy. Emma olardan tapawutlylykda,
Gündogar Kümmet, Günbatar Garajaowlak, Tejen, Günbatar Şorbogaz, Keseýap we
Günbatar Şatlyk meýdançalarynda çuň guýular bilen bölekleýin geçildi.
Geologik kesimleriň kelloweý çökündilerinde köplenç goýy-çal, gara ýakyn
argillitleriň petdeleri agdyklyk edýär. Olar çal reňkli alewrolitler (köplenç, maýda
däneli, kähalatlarda toýunly ýa-da hekliräk), çäge daşlar, mergeller we hek daşlary
(bular hem, köplenç toýunly) bilen gat-gat görnüşinde gelýär. Hek daşlarynyň
arasynda mikrodäneli görnüşleri artykmaç gelýär; seýrek halatlarda olaryň organogendetrit litotipleri duşýar.
K1, K2, K3, we K4 gorizontlaryny öz içine alýan kelloweý gatlaklygynyň
umumy galyňlygy günortada, Gubaçäge meýdançasynda, 60–65 m aralygynda bolup,
Bokurdak meýdançasynda 120 m, Deňli meýdançasynda bolsa 151 m çenli ulalýar.
Humly meýdançasynyň 1-nji guýusynda ol ýene-de az-owlak peselip, 104 m bolýar.
Bar bolan maglumatlardan görnüşi ýaly, şeýle galyňlyk Mäne–Çäçe muldasynda-da
bolup biler. Gündogar Sarahsyň meýdançasynda olaryň kesimde ýok bolmaklary
ahmal. Günbatar Şatlykda olaryň doly açylmadyk galyňlygy 130 m.
Oksford çökündileri. Kesimiň bu böleginde köplenç halatlarda toýunly ýada dolomitizirlenen, hek daşynyň iri petdeleri, ýa-da dolomitleriň, argillitleriň we
63
alewrolitleriň gatlary we petdeleri duşýar. Kerniň bar bolan nusgalyklaryna görä, hek
daşynyň arasynda mikrodäneli görnüşleri agdyklyk edýär. Oksfordyň ýokarky
çäkliginiň golaýyndaky ol gorizontda kähalatlarda angidrit gatlagy bar. Bu ýeriň käbir
kesimlerinde dolomitleriň ýa-da dolomitleşen hek daşlarynyň bardyklary hem
bildirýär. Süýt-ak angidritlerden beýleki jisimleriniň hemmesiniň reňki çal.
Gubaçäge meýdançasyndaky oksford çökündileriniň galyňlygy 184–187 m.
Bokurdak meýdançasynyň 1-nji direg guýusynda ol 160 m. Demirgazyga tarap, Deňli
meýdançasynyň 2-nji guýusynda bu san täzeden ýokarlanyp, 181 m ýetýär. Emma,
bu zolakdan Merkezi–Garagum gümmezine tarap daşlaşdygyça (meselem, Humly
meýdançasynyň 1-nji guýusy) garalýan çökündiler 144 m çenli ýukalýar. Humlyň
1-nji guýusynyň Bokurdagyň 1-nji guýusyndan 135 km daşlykdadygyny bellemek
gerek.
Bokurdak–Oýukly gurluş-struktura toplumyndan günorta-gündogar tarapa
oksfordyň galyňlygy gitdigiçe artýar. Meselem, Gündogar Kümmet meýdançasynyň
4-nji guýusynda oksford çökündileriniň doly galyňlygy eýýäm 373 m. Takmynan,
şunuň ýaly galyňlyk (367 m) Günbatar–Garajaowlak meýdançasynyň 10-njy
guýusynda-da ýüze çykaryldy.
Gyzylbaýrak, Saryja, Godin we beýleki meýdançalarda duzetek oksford
gatlaklyga burawlanyp ýetilmedi ýa-da ol gatlaklyk doly açylmady. Işanbeýik
meýdançasynyň 2-nji guýusynda (guýynyň düýbi O5 gorizontda ýerleşýär) oksford
çökündileriniň doly açylmadyk galyňlygy 290 m (2-nji tablisa). Tejen meýdançasynyň
5100 m düýpli 9-njy çuň guýusynda oksfordyň doly galyňlygy 396 m boldy.
Gündogar Sarahs meýdançasynda oksford çökündileri perm-trias gatlaryň üstünde
gorply ýatýar; bu ýerde olaryň galyňlygy bolsa has artyp, 450 m ýetýär. Öwrenilýän
sebitiň beýleki strukturalarynda oksford çökündileri bölekleýin burawlanyp barlanyldy
(1, 3-nji tablisalar).
Kimerij-titon çökündileri. W.N.Melihowyň we Wl.S.Sibirýowyň [5] ýokarky
ýuranyň we aşaky meliň kesimlerini nebitgaz-geologiki bölümlere bölmek shemasyna
laýyklykda, duzaşaky oksford nebitgazly gatlaklygyň ýokarsynda ýene-de üç gatlaklyk
bolup, ýura kesimi tamamlanýar.
Sulfat-karbonat geçiş gatlaklyk garalýan sebitde agdyklyk edýän çal reňkli
dolomitleriň we angidritli hek daşyň, argillitleriň we seýrek halatlarda, alewrolitleriň
gat-gatlyklary görnüşinde bolýar. Duzly gatlaklyk günbatarky kesimlerde ýa-ha ýok
(meselem, Gubaçäge meýdançasynda), ýa-da toýunlaşan dolomitleriň ýa-da ak dykyz
aralyk däneli angidritleriň 10–12 m galyňlykdaky bir petde görnüşinde bildirýär.
Gündogara tarap duzly gatlaklygyň galyňlygy çalt artýar we Murgap çöketliginiň
günbatarynda ol 370 m-den hem geçýär. Ýylan meýdançasynda ol eýýäm 523 m
ýetýär. Şeýle bolanda angidritler galit duzlar bilen fasial çalyşýar. Duzýokary titon
gatlaklyk çäge daşlar, alewrolitler, kähalatlarda gyzylreňkli, argillitler we ýuka gatly
seýrek angidritler bilen gat-gatlaşan çal reňkli dolomitleriň we hek daşlarynyň
agdyklyk etmekleri görnüşinde häsiýetlenýär. Käbir meýdançalarda (Deňli, Çäçe we
beýlekiler) bu gatlaklyk kesimlerden “ýitýär”.
64
65
Mäne–Çäçe çöketliginde we onuň golaýyndaky çäkliklerde ýerleşýän çuň guýularda ýura
çökündileriniň stratigrafiki bölünmesi we galyňlygy
Kümmet–Garajaowlak gümmezler toplumynda we oňa sepleşýän demirgazyk çäkliklerde ýerleşýän
çuň guýularda ýura çökündileriniň stratigrafiki bölünmesi we galyňlygy
3-nji tablisa
2-nji tablisa
Kimerij-titon çökündileriň umumy aýratynlygy – aralyk karbonat dag
jynslarynyň görnüşleriniň köplügidir (dolomitli hek daşlary we hekli dolomitler,
kähalatlarda çägeli alewritli) we olarda angidrit gatançlaryň barlygyndadyr.
Fundamentiň Oýukly çykydynda kimerij-titon çökündileriniň galyňlygy
günortadan demirgazyga tarap Gubaçäge meýdançasynda 132–144 m-den Bokurdakda
76 m, Deňlide bolsa 56 m çenli peselýär (1-nji tablisa). Humly meýdançasynda bu
çökündiler, mel döwründen öň dörän gorpuň netijesinde, ýura kesiminde ýok.
Kümmet meýdançasynda (7-nji guýuda) olaryň galyňlygy 205 m, Gündogar
Kümmetde (4-nji guýuda) – 259 m. Garajaowlak ojagynda olaryň galyňlygy 187 m
den (13-nji guýuda) 334 m çenli (7-nji guýuda) aralykda bolýar (2-nji tablisa).
Sarahsyň gazly etrabynda bu san 230–330 m aralykda (3-nji tablisa). Işanbeýik
meýdançasynda kemerij-titonyň galyňlygy 603 m deň (2-nji guýuda), Günbatar
Şatlykda – 676 m (47-nji guýuda), Gündogar Şatlykda – 766 m (49-njy guýuda).
Ýylan meýdançasynyň 6-njy guýusynda seredilýän görkeziji 986 m çenli ýokarlanýar.
Bu ýerde belläp geçmeli zat, Köpetdagda, Gäwersdag antiklinalynda bu san Murgap
çöketligine degişli sandan göz-görtele pes bolup, Zirekow meýdançasynyň 1-nji
guýusynda 596 m deňdir.
Berrias-walanžin çökündileri ýura gatlaklarynyň üstünde sebitleýin gorply
ýatýar we hemme ýerde çelpek ýa-da ojarly pagsalaryň eteginiň belleýji toýun
gorizontyndan başlanýar. Agzalan pagsalaryň birinjisi Merkezi Garagum gümmezinde,
Bokurdak monoklinalynyň hem-de Köpetdag etek epiniň Günbatar we merkezi
sebitlerinde ýerleşýär. Ol Kümmet–Garajaowlak struktura toplumdan başlap,
Gündogar tarapa ojarly (sandykgaçy) pagsasy bilen, Türkmenistanyň gündogar çetinde
bolsa – almyrat pagsasy bilen çalyşýar.
Çelpek pagsasy garalýan sebitde çal reňkli dykyzlanan hekleşen toýunlardan,
alewrolitlerden, çäge daşlardan we maýda kristal hek daşlaryndan düzülen.
Litostratigrafiki nukdaýnazardan bu pagsa, köplenç, üç bölümden gurlan bolup, onuň
aşaky we ýokarky böleklerinde terrigen jisimleri, orta böleginde bolsa karbonat
jisimleri agdyklyk edýär. Gubaçäge meýdançasynda bu çökündileriň galyňlygy 118–
136 m. Bokurdak meýdançasynda, ýagny Oýukly fundament çykydynda, ol 104 m
çenli azalýar we şu galyňlykda Deňli meýdançasynda-da saklanýar (1-nji tablisa).
Sebitiň gündogarynda berrias-walanžiniň (ojarly pagsanyň) galyňlygy 103–128 m
aralykda. Ojarly pagsanyň kesiminde, çelpek pagsadan tapawutlylykda, çal reňkli
jisimler bilen bir hatarda, gyzyl reňkli jisimler hem uly ähmiýete eýe bolup ugraýar.
Garalýan sebitiň beýleki meýdançalarynda berrias-walanžin çökündileriniň
galyňlygy, takmynan, şol bir durkuny saklaýar, emma seýrek halatlarda ýa 84 m çenli
azalýar (Gündogar Şatlyk meýdançasy), ýa-da tersine, 140–150 m çenli ýokarlanýar
(Gyzylbaýrak we Çäçe meýdançalary). Mäne–Çäçe çöketliginiň çäklerinde iň uly
paleoepilmegi Täze Çäçe meýdançasynyň çäkliginde bolup geçendigi ahmal. Bu
ýerde berrias-walanžiniň galyňlygy 2-nji guýuda 164 m. Gäwersdagda
häsiýetlendirilýän çökündileriň galyňlygy çürt-kesik ýokarlanýar we Zirekow
meýdançasynyň 1-nji guýusynda 316 m bolýar.
66
Mäne–Çäçe çöketliginde, iň bolmanda, onuň Çäçe meýdançasynda, çelpek
pagsasy berrias-walanžin ýaşly foraminiferleriň belli bir toplumy we Loriolithyris ex
gr. valdensis (Lor.) brahiopoda ýadrosynyň tapylandygy bilen häsiýetlendirilendigini
belläp geçmek möhümdir. Görkezilen çökündiler kimerij-titonyň duzly gatlaklygynyň
gabaraly angidritleriniň üstünde näsaz ýerleşýär. Şunlukda, bu ýerde berrias-walanžin
çökündileriniň kesimi injerew pagsasy bilen “üsti ýetirilýär”. Injerew pagsasy çelpek
pagsasynyň ýokarsynda ýerleşýär we berrias-walanşin foraminiferleriniň toplumyny
öz içinde saklaýar [7]. Biz ýuranyň we meliň şunuň ýaly galtaşmagy Gündogar
Köpetdagdan Mäne–Çäçe çöketliginiň içki gyrasyna çenli ýaýrandyr diýip çak
edýäris.
Netije
Şeýlelikde, soňky ýyllaryň çuň buraw işleriniň netijesinde alnan
maglumatlar Bokurdak monoklinalynyň we Köpetdag etek epiniň gündogarynda
ýerleşýän nebitgazly ýura çökündileriniň jisim düzümi we galyňlygy baradaky
düşünjeleriň üstüni ýetirmäge mümkinçilik berýär. Çökündileriň litologiýasyna we
galyňlygyna sebitiň paleotektonikasynyň umumy aýratynlyklary, ýura deňiz
paleobasseýniň, duz öndüriji kimerij-titon basseýniň hem-de terrigen jisimleriniň
sürlüp äkidilmek gadymy çeşmeleriň ýerleşişi we ewolýusiýasynyň dinamikasy
esasy täsir edendir.
Ýuranyň has doly stratigrafiki kesimi burawlamak arkaly häzirki Oýukly
fundament çykydynyň çäginde açyldy. Günortada bu çykyt Bokurdak–Tejen sebit
tektoniki ýaryk zolagy bilen çäkleşýär. Ýer gabygynyň köp döwürleýin tolkun atyp
hereket eden wagtlarynda bu zolagyň paleotektoniki işjeňleşendigi ýura çenli aralyk
toplumynyň perm-trias [3], platforma örtüginiň aşaky-orta ýura we senoman
çökündileriň galyňlyklarynda [5] has aýdyň ýüze çykypdyr. Ýaňky ýatlanyp geçilen
çökündileriň izopahitleriniň konfigurasiýasy bu ýerde paleowallaryň döwürleýin ýüze
çykandyklaryny görkezýär. Soňra olar gadymy gorplaryň täsirinde, aşaklaýjy tektoniki
hereketleriň ýüze çykmaklary we çökündileri dörediji hadysalaryň niwelirleýji
täsirleriniň netijesinde täzeden ýok bolupdyrlar.
Häzirki bar bolan maglumatlar Bokurdak–Tejen sebit tektoniki ýaryk zolagy
çökündileriň emele gelmegine ýura döwründe diňe uzak wagt däl-de az wagtyň
dowamynda-da wagtal-wagtal täsir edendigini tassyklamaga mümkinçilik berýär. Bu
ýagdaý diňe bir aýry-aýry stratonlaryň galyňlyklarynyň degerli ýerleşişlerinde däl-de,
paleobeýiklikleriniň gümmez böleklerindäki gadymy çökündileriniň gödekleşmeginde
we çägelenmekliginde ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we
mineral serişdeler ministrliginiň
Nebit we gaz instituty
Kabul edilen wagty
2007-nji ýylyň
Türkmenbaşy aýynyň 24-i
67
EDEBÝAT
1. Алланов А., Жмуд М.С., Панасенко О.М., Пашаев М.С., Ташлиев М.Ш.
Формации, палеотектоника и нефтегазоносность палеозоя и мезозоя
Туркменистана. – М.: Недра, 1976. С. 132.
2. Мелихов В.Н. Геологическая основа и пути реализации потенциала
газонефтеносности юга Туранской плиты / Автореф. докт. дис. – М., 2000.
С. 52.
3. Одеков О.А., Тулаева С.В., Мельник Н.М. Структура поверхности
палеозойского фундамента осадочного чехла // Изв. АН ТССР. Сер. физ-тех.,
хим. и геол. наук. 1981. №5. С. 89–96.
4. Täşliýew M.Ş., Allamyradawa D.K. Gubaçäge meýdanynyň ýura çökündileriniň
geologiki kesimi we nebit-gazlylygy (Günorta Türkmenistan) // Türkmenistanda
ylym we tehnika. 2005. №11. 28–37 s.
5. Ташлиев М.Ш., Рагимова Д.С., Мелихов В.Н., Сибирёв Вл.С.
Цикличность и нефтегазогеологическое расчленение верхней юры и нижнего
мела Центрального Туркменистана // Нефть и газ Туркменистана. 1999. №2.
С. 26–54.
6. Ташлиев М.Ш., Мелихов В.Н., Сапаров Ч.С. О волновых движениях и
конседиментационных процессах в мезозое на юге Центральной Туркмении
// Изв. АН ТССР. Сер. физ-тех., хим. и геол. наук. 1978. №4. С. 110–114.
7. Товбина С.З., Ташлиев М.Ш., Аллабердыев С.Б., Наймушина Л.Н.,
Недиров Б.Р. Новые данные по стратиграфии и литологии газоносных
верхнеюрских и берриас-барремских отложений зоны сочленения
Предкопетдагского прогиба и Мургабской впадины // Изв. АН ТССР. Сер.
физ-тех., хим. и геол. наук. 1988. №5. С. 53–59.
M.Sh.Tashliyev, D.S.Ragimova, Wl.S.Sibiryev, A.O.Charyyeva
LITHOLOGICAL FEATURES AND THICKNESSES OF THE
JURASSIC DEPOSITS ON THE EAST OF BOKURDAK
MONOCLINE AND KOPETDAG FOREDEEP
On the basis of deep drilling data the material composition and thicknesses of
oil and gas bearing Jurassic deposits in perspective region of Turkmenistan have been
briefly considered. The crust of weathering or products of its redeposition 40 m in
thickness, revealed by drilling on Gubachage field on the northern bort of Kopetdag
foredeep have been hypothetically referd to the Rhaetian-Low Jurassic deposits. The
Aalenian-Bajocian and Battian sediments are accordingly 113–114 and 35–101 m in
thickness above Oyucly uplift of basement and consist of greycolored argillites,
aleurolites and sandstones. The Callovian strata 60–151 m thick consists of both
68
terrigene rocks and clay-carbonaceous deposits. The Oxfordian deposits are 160–450
m thick and are formed by limestone (mainly mikrogranular, clayiness or
dolomitized) with rare members of dolomites, argillites and aleurolites. The
Kimmeridjian-Tithonian deposits are presented by sulphate-carbonaceons, saline and
oversaline strata. Their total thickness above Oyucly uplift is insignificant (56–76 m)
but they quickly grow to Gyaursdag mountains (596 m) and western regions of
Murgab depression (700–986 m). The underlying Upper Paleozoic-Triassic deposits
and the overlying Berriassian-Valanginian accumulations have been briefly
characterized in this article. Thus, the distribution of thicknesses, material
composition and texture of ancient deposits the depended on a structure of Paleozoic
basement and features of Jurassic paleogeography.
М.Ш.Ташлиев, Д.С.Рагимова, Вл.С.Сибирёв, А.О.Чарыева
ЛИТОЛОГИЧЕСКИЕ ОСОБЕННОСТИ И МОЩНОСТИ ЮРСКИХ
ОТЛОЖЕНИЙ ВОСТОКА БОКУРДАКСКОЙ МОНОКЛИНАЛИ И
ПРЕДКОПЕТДАГСКОГО ПРОГИБА
На основе данных глубокого бурения кратко рассмотрены вещественный
состав и мощности нефтегазоносных отложений юры одного из перспективных
регионов Туркменистана. К рэт-нижнеюрским отложениям предположительно
отнесена кора выветривания либо продукты ее переотложения мощностью 40 м,
вскрытые на площади Губачаге на северном борту Предкопетдагского прогиба.
Аален-байосские и батские отложения мощностью соответственно 113–114 м и
35–101 м над Оюклинским выступом фундамента сложены сероцветными
аргиллитами, алевролит ами и песчаниками. Келловейские отложения
мощностью 60–151 м выражены как терригенными, т ак и глинистокарбонатными породами. Оксфордские отложения мощностью 160–450 м
сложены известняками, преимущественно микрозернистыми, глинистыми либо
доломитизированными, с единичными пачками доломитов, аргиллитов и
алевролитов. Кимеридж-титонские отложения представлены переходной
сульфатно-карбонатной, соленосной и надсолевой толщами. Общая их
мощность на Оюклинском выступе фундамента незначительна (56–76 м), но
быстро нарастает к Гяурсдагу (596 м) и западным районам Мургабской впадины
(700–986 м). В статье кратко охарактеризованы подстилающие юрскую систему
верхнепалеозойско-триасовые отложения и перекрывающие её берриасваланжинские накопления. Показано, что на распределение мощностей,
вещественный состав и структуру древних осадков существенное влияние
оказали особенности строения палеозойского фундамента и палеогеография
региона в юрский период.
69
H.G.Bekmämmedow, Ş.U.Kadyrow
HAÝALLADYLAN KOKSLAŞMA DESGADA ZÄHMETI GORAMAK
ÇÄRELERINE GOŞANT
Nebit galyndylaryny giň ýaýran haýalladylan usul bilen kokslaşdyryjy häzirki
zamana laýyk desganyň tilsimat hadysasy doly awtomatlaşdyryldy we
mehanizmleşdirildi [3, 4]. Emma desganyň gyzdyrylmaýan koks reaktory öz
gurnamasyna görä kämil däldigine galýar. Reaktoryň aşakdaky lýugynyň gapagyny
açyp-ýapmak usuly häzirki zaman tehnikasynyň we zähmetiň medeniýetiniň ýeten
derejesinden örän pes.
Aşakdaky lýugyň gapagy reaktoryň her iş aýlawynda açylyp-ýapylýar.
Reaktoryň gabarasyna baglylykda onuň iş aýlawy her 24-36 sagatdan gaýtalanýar.
Desgada gezekme-gezek arakesmeli işleýän reaktorlaryň sany iki, dört we alty bolýar.
Reaktorlaryň işe başlap-gutarýan wagtlary (iş fazalary) süýşürilýär [3, 4, 5]. Şu
sebäpden her 6,9 we 12 sagatdan lýuklaryň gapaklaryny açyp-ýapmaly bolýar.
Gapagyň diametri 1200-1600 mm, massasy bolsa 1,5 ÷ 2,0 tonna ýetýär [4]. Ol
gapaklar bilen işlemek çylşyrymly we köp fiziki zähmeti talap edýär. Häzirki wagtda
gapagy adata öwrülen açyp-ýapmak usulynyň esasy ýetmezçiligi şulardan ybarat. Ol
gapak lýugyň flansyna 32-40 sany M32-M36 şpilkalar arkaly berkidilýär. Ol
şpilkalaryň gaýkalary gaýka towlaýjy gurallar arkaly, köplenç wagtda bolsa el güýji
bilen açylyp-ýapylýar. Bu gaýka towlaýjy gurallar agyr we gaýkany açanda-ýapanda
işgär uly garşydaş (reaktiw) towlaýjy momenti kabul etmeli bolýar. Bu garşydaş
towlaýjy momenti kabul etmek üçin işçi belli bir derejede fiziki güýçli bolmaly.
Mundan başga-da, pnewmatiki gaýka towlaýjy gurallar ýakymsyz ses edýär. Açylan
gaýkalar, köplenç, reaktoryň binýadynyň aşagyna gaçyp, koksuň içinde ýitýär.
Gapagyň şpilkalarynyň gaýkalary açylandan soň koksa ýapyşan gapagy el güýji bilen
ýörite niýetlendirilen boltlar arkaly, köplenç, lom ulanyp açmaly bolýar. Gapagy
açmak we ýapmak işleriniň hersi 2 sagada golaý wagt talap edýär we işgäriň tenine
şikes ýetmeginiň potensial howpuny döredýär.
Aýdylan kemçilikleri ýok etmek maksady bilen, öz işläp düzen ryçag-pahna
mehanizmimiz (RPM) teklip edýäris. Bu sistema reaktoryň aşakdaky lýugunyň
gapagyny açyp-ýapmak işlerini doly mehanizmleşdirýär (1-nji we 2-nji suratlar). RPM
reaktoryň düzümine girýär we ony kämilleşdirýär. Pahnalar lýuguň töwereginde radial
ýerleşýär. RPM gidrawliki işleýär. Gidrawliki suwuklyk hökmünde transmissiýa ýagy
ulanylýar. Gidrawliki sistemany herekete getirmek üçin porşenli sorujyny ulanmak
göz öňünde tutulýar.
Mehanizmiň işleýşini bir RPM-iň işleýiş mysalynda düşündireliň, sebäbi
hemme RPM-leriň işleýşi birmeňzeş.
Lýuguň gapagyny açmak işi şeýle amala aşyrylýar.
Kinematiki shemada (2-nji surat) gapak ýapyk bolan ýagdaýyndaky RPM-iň
görnüşi görkezilen. Içi koksdan dolan reaktor boşadylmaga taýynlanandan soň lýuguň
gapagynyň (4) aşagyna relsiň üstünde özi ýöreýän arabajyk (2) getirilýär. Işleýän
koks desgalarda bu arabajyk bar. Arabajygyň üstünde gidrawliki işleýän ýörite göteriji
(domkrat) (3) we şeýle atlandyrylýan “teleskop” (1) ýerleşdirilýär. Arabajygyň
70
domkraty gapagyň aşagyna 5-10 mm
ýetirilmän goýulýar. Soň, ilki bilen
howpsuzlyk kran (18), soňra bolsa ýörite
gurnawly kran (19) “açyk” ýagdaýlaryna
getirilýär (2-nji A surat) we porşenli sorujy
(20) işe girizilýär. Sorujy ýagy gapdan (23)
alyp, turbalar (21) we (15) arkaly bir
wagtyň özünde ähli silindrleriň (13)
aşakdaky (11) göwrümlerine itýär.
Netijede, ähli porşenler (12) bir wagtyň
özünde ýokaryk süýşüp başlaýar. Bu
ýagdaýda silindrleriň ýokarky (14)
göwrümlerindäki ýag turbalar (16) we (16')
arkaly itilip ýag gabyna (23) barýar.
Turbalar (15) we (16) degişli iş basyşa döz
gelýän kislorod şlangalary kysymynda
ýumşak bolmaly.
Silindrleriň içinde porşenleriň
ýokaryk süýşmegi ähli ryçaglaryň (8)
mergenegiň (şarniriň) (7) töwereginde
1-nji surat
aýlanmagyna getirýär we netijede, şol
ryçaglaryň eginleri (6) lýugyň gapagyny
gerek derejede berk gysyp saklaýan pahnalary (5) gapagyň aşagyndan sogrup
çykarýar. Mehanizm şeýle hasaplanan we sazlanan, haçan pahnalar gapagyň
aşagyndan doly sogrulanlaryndan soň ryçaglaryň beýleki eginleri (9) gapagyň
gulaklarynyň üstünde erkin oturan “itijileriň” (10) üstünden basyp başlaýar we koksa
ýapyşan gapagy ondan “ýolup” aýyrýar. Açylan gapak arabajygyň domkratynyň
üstüne düşenden soň ýag sorujynyň işlemegi ýatyrylýar, arabajyk bolsa teleskop
lýugunyň agzyna gabat geler ýaly aralyga tigirläp süýşürilýär. Şunuň bilen lýuguň
gapagyny açmak işi tamamlanýar we reaktoryň içindäki koksy gidrokesiji bilen
kesmek işi başlanýar. Owradylan koks lýukdan çykyp teleskobyň üsti bilen ýapgyt
rampa dökülýär we süýşüp açyk meýdança barýar. Itijiniň gurnalyşy onuň uzynlygyny
belli bir derejede üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz nobatynda, RPM-iň
işleýşini, ýokarda aýdylyşy ýaly, sazlamaga mümkinçilik döredýär.
Reaktor koksdan boşadylandan soň, aşakdaky lýugyň gapagy şeýle ýapylýar.
Teleskopy ýygnap, gapak lýugyň gabadynda “öz ýerini eýelär” ýaly arabajyk
tigirlenip getirilýär. Domkrat (3) bilen gapak tä itijelere (10) galtaşýança ýokaryk
galdyrylýar (3-nji surat). Gapagyň öz ýerine barandygy anyklanandan soň, ýörite kran
(19) “ýapyk” ýagdaýyna geçirilýär (2-nji B surat), howpsuzlyk kran (18) bolsa öňki
açyk ýagdaýynda galdyrylýar. Soňra sorujy (20) işe girizilýär. Sorujy ýagy gapdan
(23) turbalar (21) we (16) arkaly silindrleriň (13) ýokarky göwrümlerine (14) itýär,
netijede, porşenler (12) aşak süýşüp başlaýar, ryçaglar (8) bolsa mergenekleriň (7)
töwereginde aýlanyp ugraýar. Şeýlelikde, ryçaglaryň ýokarky eginleri (9) itijileriň
(10) üstlerinden aýrylýar, ryçaglaryň aşaky eginleri (6) bolsa pahnalary (5) gapagyň
71
radial ugurlary boýunça onuň aşagyna
süýşürip başlaýar. Silindrleriň aşaky
göwrümlerinden (11) gysylyp çykarylýan
ýag turbalary (15) we (15΄) arkaly ýag
gabyna (23) barýar.
Pahnalaryň bir uçlary we gapagyň
aşaky gyrasy, onuň perimetri boýunça
100-125 mm uzynlykda gatnaşygy 1:10
bolan, başgaça aýdylanda, β =50 12΄÷50
00΄ ýapgyt ýasalýar. Şu sebäpden
pahnalar belli bir aralyga süýşenlerinden
soň gapagy ýokaryk galdyryp ugraýar
we olar süýşmegini dowam etdigiçe
gapagy lýuguň flansyna jebis gysýar (3nji surat). Bu gysyşyň ululygyna
manometrleriň (23) we (17) görkezýän
basyşynyň ululygyna baglylykda baha
berip, gözegçilik edilýär (2-nji surat).
Manometrler gerek bolan belli basyşy
görkezip başlanlaryndan soň ýag
sorujysynyň işlemegi ýatyrylýar we
howpsuzlyk kran (18) ýapyk ýagdaýyna
2-nji surat
geçirilýär. Şunuň bilen reaktoryň
aşakdaky lýugynyň gapagyny ýapmak işi
tamamlanýar.
Ähli pahnalar deň süýşüp, netijede, gapak bilen lýuguň flansynyň arasyndaky
dykyzlaýjynyň deň gysylmagyny üpjün etmek üçin bütin sistema – silindrleriň
ýokarky we aşaky göwrümleri, şeýle-de, turba geçirijiler howa galdyrylman, ýag bilen
doldurylýar.
Ýag gabynyň gerekligi şundan gelip çykýar. Silindrleriň aşaky göwrümlerinde
porşenleriň ştoklary ýerleşýär. Ştoguň göwrümi silindriň aşaky göwrüminiň belli bir
bölegini eýeleýär. Şu sebäpden silindriň ýokarky we aşaky ýagyň eýeleýän
göwrümleri bir-birine deň bolmaýar we ýokarky göwrüm aşakydan uly. Ol
göwrümleriň jemleriniň tapawudy V deňdir:
V = πdш2 / 4·Χ·Ν,
(1)
bu ýerde: dш – ştoguň diametri, Χ – porşeniň ýolunyň uzynlygy (1-nji surat), Ν –
silindrleriň (pahnalaryň, umuman, RPM-iň) sany.
Şu sebäpden porşenler ýokaryk süýşenlerinde ýokarky göwrümlerden gysylyp
çykarylýan ýagyň göwrümi aşakdaky göwrümlere itilip iberilýän ýagyň göwrüminden
V ululyga barabar köp. Şeýle hem porşenler aşak süýşenlerinde hem ýokarky
göwrümlere itilip berilýän ýagyň möçberi aşakdaky göwrümlerden gysylyp
çykarylýan ýagyň möçberinden V ululyga barabar köp. Şu “artyk” ýagy saklamak
72
üçin ýag gaby gerek we bolup biläýjek ýag ýitgileri nazarda tutulsa, ol gabyň sygymy
V ululykdan köp bolmaly.
Eger X=300 mm, N=20 we dш=35÷40 mm bolsa, onda aňlatma (1) boýunça:
V=5,8÷7,6 litr bolýar.
Lýuguň gapagy açylyp-ýapylanda ýag gabynyň içindäki ýagyň derejesi
üýtgeýär-gapak açylýan wagty gaba V litr ýag gelýär, gapak ýapylýan wagty bolsa
şol V möçber ýag gapdan alnyp silindrleriň ýokarky göwrümlerine berilýär.
Degişlilikde gabyň içinde basyş ýa wakuum döremez ýaly, ol gap “dem alýan”
görnüşde ýasalmaly. Gabyň ýokarky gapagyny gofrirlenen ýaga durnukly
materiallardan ýasap, bu meseläni çözüp bolar.
RPM-iň ýa pahnalaryň sany reaktoryň germetikligini üpjün etmek şertinden
tapylýar:
N=πD/t,
bu ýerde: D – gapagyň hasaplama diametri (1-nji we 3-nji suratlar); D = d0 + в, d0
– lýuguň diametri; в – dykyzlaýjynyň ini. №49 asboalýuminiý dykyzlaýjy üçin [6]
в = 40 mm, t – gapagyň hasaplama diametri boýunça pahnalaryň aralygy (3-nji в
surat):
t = a +2S1·tgα,
a – pahnalaryň galyňlygy,
a = 60÷70 mm kabul edip bolar, S1
– gapagyň korroziýa goşundysyz
galyňlygy, belli aňlatmadan
kesgitlenýär [6], α – basyşyň
konusynyň burçy (3-nji в surat),
umuman, tgα = 0,4÷0,5 diýip kabul
edilýär, San N uly tarapyna bütin
sana tegelenýär.
Bir pahna düşýän ýük [6]
deňdir (1-nji surat):
q = (Qmax+Qk)/N,
bu ýerde: Qk – gapagyň massasy;
Qmax – gapagyň üstüne düşýän iň
uly hasaplama ýük. Bu ýük
hökmünde reaktoryň içki iş
basyşynyň we suwuk çig malyň
(köpülenç gudron) gidrostatiki
basyşynyň bilelikdäki döredýän
ýüki
Q p,
ýa
gapagyň
3-nji surat
73
dykyzlaýjysyny deslap gysmak üçin gerek bolan Qcm ýüki bolup biler [6].
Bu ýükler belli aňlatmalardan kesgitlenýär [6].
Gapagyň astyndan pahnany yzyna iterip çykarjak bolýan güýç deňdir (1-nji
surat):
T1 = q tg β,
bu ýerde: β – pahnanyň ujunyň ýapgytlyk burçy; β = 50001÷50121.
Pahnanyň ugrukdyryjysynda döreýän sürtülme güýji bolar:
T2=fq,
bu ýerde: f – materiallaryň özara sürtülme koeffisiýenti; polat-polat gury sürtülme
üçin f = 0,15.
Haçan:
T1 ≤ T2, başgaça, q·tgβ ≤ f q
(2)
bolanda pahna öz-özünden açylyp bilmeýär. Bu (2) şertden berlen ýagdaý üçin β-iň
bahasyny tapyp bolar:
β ≤ arctg·f.
Gapagy ýapmak üçin pahnany T ≥ T2 güýç bilen itmeli.
Mergenek 7-ä (2-nji surat), başgaça, “A” nokada (3-nji surat) görä güýçleriň
momenti deňdir (1-nji surat):
Py ⋅ l =
T ⋅ l1
γ Tl
, ýa-da Pl ⋅ Cos = 1 ,
η
2 η
(3)
bu ýerde: l we l1 – ryçagyň eginleriniň uzynlygy (1-nji surat); RPM-iň gurnalyşyna
görä l = 600 we l1 = 200 mm kabul edip bolar; η-RPM-iň peýdaly täsir koeffisiýenti,
η = 0,75; γ – ryçagyň öwrülýän burçy (3-nji α surat):
γ = arctg X1/l1,
X1 – pahnanyň geçýän ýoly, X1 = 100÷125 mm diýip kabul edip bolar.
Bu ýerde salgylanan l1 we X1 bahalarynda ryçagyň öwrülmek burçunyň γ
ululygy deňdir: γ = 260341 ÷ 32000'.
Gapagy ýapmak üçin her bir porşeniň üstünde döremeli güýjüň ululygy
aňlatma (3)-den tapylar:
P=
T ⋅ l1
.
η ⋅ l ⋅ cos γ / 2
Bu gerek bolan P güýji almak üçin sorujy her bir porşeniň üstünde Pn basyşy
döretmeli (1-nji surat):
74
Pn =
4P
,
π Dn2
bu ýerde: Dn – porşeniň diametri; Dn = 100÷125 mm kabul edip bolar.
Gapagy açmak üçin mergenek 7-ä görä güýçleriň momentini alyp, aňlatma
(4)-e meňzeş deňlemäni alyp bolar:
Pn1 =
4 P1
,
π ( Dn2 − d ш2 )
bu ýerde: Pn1 – porşeniň aşagyndaky basyş; P1 – porşeniň ryçaga berýän güýji.
Bu aňlatmalardan ştoguň diametrini dш tapyp bolar. Ştoguň berkligi P güýçden
gysylmagyna, P1 güýçden dartylmagyna we gysylanda boýuna egrelmezligine edebiýat
[6]-de getririlen aňlatmalar arkaly hasaplanýar. Ştoguň boýuna egrelijiligi λ şu şerti
λ ≤ 40 kanatalandyrmaly. Biziň häzirki zaman haýallandyrylan kokslaşdyrma
desgalaryň iş parametrlerini nazara alyp geçiren hasaplamalarymyz şol ştoguň
diametri 35÷40 mm kabul edilse, onuň berkligi üpjün edilýär.
Silindriň içinde porşeniň geçýän ýoly X deňdir:
X = 2·l·sin γ/2.
Ýokarda kabul edilen L we γ bahalarynda X = 276÷331 mm bolýar.
Silindriň uzynlygy (1-nji surat):
ls = X + ln + 2C bolar,
bu ýerde: ln – porşeniň uzynlygy; ln-130÷160 mm kabul edip bolar;
C – porşeniň ätiýaşlyk ýoluny C-20÷30 mm kabul edip bolar.
Ýokarda kabul edilen ululyklardan ugur alynsa, silindriň uzynlygy
ls = 446÷551 mm bolar.
Gapagy koksdan üzüp aýyrmak üçin itiji 7÷14 mm, ýa ondanam az ýol
geçmeli. Bu şertden ugur alyp, β1 burçuň ululygyny taparys (3-nji surat):
β1 = γ − 2 arcsin (
7 ÷ 14
),
2 l2
bu ýerde l2 – ryçagyň ýokarky egniniň uzynlygy (1-nji surat). Eger l2 = 200 mm kabul
edilse, onda:
2 arc sin (
7 ÷ 14
) = 20 ÷ 40 we β1 = γ – (20÷40) bolar..
2 ⋅ l2
75
Ryçagyň aşaky egniniň kesilen ýeriniň (diliginiň) ölçegleri şu pikirleşme
esasynda tapylar (1-nji surat, toplum I we 3-nji ç surat). Pahna X1 ululyga süýşende
onuň “barmagy” (pales) diligiň içinde (onuň boýuna) l3 ululyga barabar ýol geçer. Bu
ýol 3-nji a suratdaky NC aralyga deňdir. Onda üçburçluk ABC-den taparys:
l1
− l1
cos γ
“Barmagyň” ýassygynyň 1 (3-nji ç surat) C1 ölçegini nazara alyp, diligiň
gutarnykly uzynlygyny l13 tapýarys (3-nji a surat):
l3 = l12 + Х 12 − l1 , ýa -da l3 =
l13 = l3 + 2C1.
Gurnawa görä, C 1 = R = (0,625÷0,750)·d 2 kabul edilýär. RPM-iň galan
elementleriniň ölçegleri olaryň mehaniki berklik şertlerinden ugur alyp, edebiýat
[6]-de getirilen umumy mälim bolan aňlatmalar esasynda howply kesiklerde degişli
berklik hasaplamalary geçirip tapylýar.
RPM-iň esasy şaýlaryny ýasamak üçin şu materiallary ulanyp bolar: pahna üçin
– 15 XM, pahnany ugrukdyryjy – 20 ХМЛ, mergenekleriň “barmaklary” – 30 ХМA.
Şaýlaryň deslapky ölçegleri hökmünde şulary kabul edip bolar: pahnanyň – ini
X beýikligi X uzynlygy = (60÷70) X (75÷100) X (225÷250) mm, “barmaklaryň”
diametrleri: d1 = 50, d2 = 40 we d3 = 30 mm.
Gapagy açyp – ýapmagyň dowamlylygy ýag sorujynyň öndürijiligine
3
L (m /sag), bagly. Gapagy açmagyň dowamlylygy, sagat, deňdir:
π ( DП2 − d ш2 ) ⋅ Х ⋅ N
,
τα =
4L
(5)
gapagy ýapmagyň dowamlylygy, bolsa deňdir:
τy =
πDΠ2 ⋅ Χ ⋅ Ν
.
4L
(6)
Eger Dn = 0,1 m, X = 0,3 m, N= 20 we L = 1 m3/sag. bolsa, onda τy = 0,047
sagat = 2,8 minut bolar. Iş ýüzünde
τ a= τy= τ΄
diýip kabul etmek bolar. Mundan başga-da, açyp-ýapmak işlerini amala aşyrmak üçin
τt = 5÷10 minut ätiýaçlyk wagt gerek bolar. Gapagy açmak we ýapmak işleriniň
hersine τ = τ΄+ τt wagt sarp etmeli bolýar. Görnüşi ýaly, gapagy açyp-ýapmak işleriniň
dowamlylygy RPM ulanylanda 4 sagatdan 20÷30 minuta çenli azalýar. Tygşytlanan
≈ 3,5 sagat wagty reaktory goşmaça gyzdyrmaga sarp edilende öndürilýän koksuň hili
örän ýokarlanýar [3, 4].
76
1.
2.
3.
4.
5.
6.
Netije
Koks reaktorynyň aşakdaky lýugunyň gapagyny açyp-ýapmak işleri
mehanizmleşdirildi.
RPM ulanylanda reaktoryň aşakdaky lýuguny açyp-ýapmak işlerinde el güýji
ulanylmaýar.
RPM ulanylanda reaktoryň aşakdaky lýugunyň gapagyny açyp-ýapmak işlerinde
işçiniň tenine şikes ýetmek howpy azalýar.
Gapagy açyp-ýapmagyň dowamlylygy 4 sagatdan 20÷30 minuta çenli azalýar.
Tygşytlanan wagt reaktory goşmaça gyzdyrmaga harçlanýar, netijede, öndürilýän
koksuň hili ýokarlanýar.
RPM-i hasaplamak üçin esasy aňlatmalar tapylyp, işlenip düzüldi.
Tьrkmen politehniki instituty
Kabul edilen wagty
2006-njy ýylyň
Bitaraplyk aýynyň 5-i
EDEBIÝAT
1. Красюков А.Ф. Нефтяной кокс. – М., 1983.
2. Сюняев З.И. Замедленное коксование нефтяных остатков. – М., 1987.
3. Begmämmedow H., Kadyrow Ş. Gyzdyrylmaýan koks reaktorynyň tilsimat
hasaplamasyna goşant // Türkmenistanda ylym we tehnika. №8. 2005.
4. Бабицкий И.Ф. и др. Расчет и конструирование аппаратуры
нефтеперерабатывающих заводов. – М., 1985.
5. Решетов Д.Н. Детали машин. – М., 1989.
6. Беляев Н.М. Сопротивление материалов. – М., 1986.
Kh.G.Bekmammedov, Sh.U.Kadyrov
ON THE PROBLEM OF IMPROVING OF WORK CONDITIONS
AT DELAYED COKING PLANT
Providing appropriate conditions of work is one of the urgent problems of
state and entrepreneurs. Though annual capital investments of the state in this branch
of economy brought to automatization and mechanization of most technological
processes of the modern production, the opportunities of further improvement of the
means of technical safety and construction of necessary equipment for oil-gas
processing industry have not been settled in full yet (the modern delayed coking
plant, for example). Though the technological process at these plants have been
completely automatized and mechanized, the construction of these coking reactors is
not yet perfect. It concerns the process of opening and closing the lid of the lower
hatch of the reactor.
The construction of wedge-lever mechanism which enables the openingclosing process be completely mechanized would eliminate obviate errors. This
77
mechanism would be the integral part of the reactor whith wedges located radically
to the lower hatch’s perimeter and hydraulic driving gear.
The article gives some schemes and drafts, formulas for technological
calculation of WLM and its parts. The application of WLM would mechanize the
opening-closing operation of the lid of the lower hatch of the reactor and
avoidmanual labor and industrial injuries accordingly.
The duration of such operations decreases from 4 hours to 20–30 minuts. The
time saved may be spent for heating the reactor and for coking, thus improving the
quality of the product in whole.
Х.Г.Бекмаммедов, Ш.У.Кадыров
К ВОПРОСУ УЛУЧШЕНИЯ УСЛОВИЙ ТРУДА НА УСТАНОВКЕ
ЗАМЕДЛЕННОГО КОКСОВАНИЯ
Первостепенной задачей государства и предпринимателей является
обеспечение надлежащих условий и культуры труда. Для достижения этой цели
ежегодно тратятся огромные средства в результате чего достигнуты немалые
успехи, так как технологические процессы современных производств в
достаточной степени автоматизированы и механизированы.
Тем не менее возможности для дальнейшего усовершенствования средств
техники
безопасности
и
конструкции
самих
аппаратов
нефтегазоперерабатывающей промышленности еще не исчерпаны. Приведем в
качестве примера современную установку замедленного коксования нефтяных
остатков. Технологический процесс этих установок полностью автоматизирован
и механизирован. Однако коксовые реакторы по конструкции остаются
несовершенными. В частности способ открытия и закрытия крышки нижнего
люка реактора не соответствует уровню достижений современной техники и
культуры производства.
С целью устранения имеющихся недостатков разработана система клинорычажного механизма (КРМ), которая позволяет полностью механизировать
операцию открытия и закрытия крышки нижнего люка реактора. Механизм
предусмотрен как составная часть реактора, клинья расположены радиально по
периметру нижнего люка. Привод механизма гидравлический.
В работе приведены необходимые чертежи и схемы, объясняющие
принцип работы КРМ. Выведены формулы, позволяющие произвести
технологический расчет КРМ и определить размеры его деталей.
В результате использования КРМ операцию открытия и закрытия крышки
нижнего люка реактора удается полностью механизировать и исключить
использование ручного труда. Потенциальные опасности травматизма, имеющие
место при выполнении названных операций существующим способом,
исключаются. Длительность указанных операций, составляющая в общей
сложности около 4-х часов, сокращается до 20÷30 минут. Сэкономленное время
используется на дополнительный обогрев реактора и на пропарку кокса, что
приводит к улучшению качества продукции.
78
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA
НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ
SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN
№2
2007
A.Nurmuhammedow
TÜRKMEN DILINIŇ UZYN E:, Ä: ÇEKIMLILERI WE OLARYŇ
TARYHY ÖSÜŞI BARADA
Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň
mukaddes Ruhnamada “Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler dinini, dilini,
milletiniň arassalygyny saklap gelendigi” [1, 13 s.] hakda ýerlikli aýdan pikiri müň
ýyl mundan ozalky uzyn çekimlileriň häzirki zaman dilimizde şol öňküsi ýaly
saklanyp gelýändigi barada-da örän mamladyr. Munuň şeýledigine ylmy derňew
arkaly oňat göz ýetirmek bolar.
Türki dilleriň oguz toparynda, şol sanda türkmen dilinde-de, çekimlileriň uzyngysga aýdylyşynyň örän möhüm taryhy we fonematik ähmiýetiniň bardygyny görnükli
alymlaryň birentegi belledi [2, 27 s.; 3, 182 s.; 4, 160 s.; 5; 10, 151-152 s.; 12, 48 s.].
Uzyn çekimliler diliň taryhy ösüşine göz ýetrimäge, onuň fonemalarynyň düzümini
we umumy mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şu düşünjeden ugur alyp,
XI asyr ýazuw ýadygärligi bolan Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynyň” [5, 6, 7] dilinde
bu meseläniň nähili derejede şöhlenenendigini anyklamagyň ylmy ähmiýetiniň
bardygy göz öňünde tutulyp derňew geçirildi. Derňewler, deňeşdirmeler aşakdaky
ýaly pikirleri öňe sürmäge mümkinçilik berdi. Häzirki zaman türkmen edebi dilinde
ulanylýan gysga çekimli fonemalaryň hemmesi – a, e, o, ö, u, ü, y, i sesleri
“Diwanyň” oguz-türkmen sözlerinde duş gelýär. M.Kaşgarly uzyn çekimlileri dogry
aňlatmak üçin elip harpyny ( ), astyn (– ), üstün (– ), otur (– ) belgilerini ýazuwda
goşmaça ulanyp, olary degişli gysgalardan ussatlyk bilen tapawutlandyrypdyr.
Netijede, “Diwanyň” dilinde uzyn a:, e:, o:, ö:, u:, ü:, y:, i: çekimlili sözleriň
bardygyny ýüze cykarmak bize başartdy. Şeýlelikde, ol gadymy eserde meňzeş fonetik
şertlerde gelip, diňe uzyn-gysgalygy bilen sözleri tapawutlandyrýan sekiz jübüt: a –
a:, e – e:, o – o:, ö – ö:, u – u:, ü – ü:, y – y:, i – i: çekimlileriniň bolandygy
anyklandy [8, 20-29 s.]. Häzirki zaman türkmen edebi diliniň uzyn çekimlileri bilen
deňeşdirilende, “Diwanyň” uzyn çekimlileriniň düzüminde bir aýratynlyk göze ilýär.
Ol eseriň dilinde uzyn ä: çekimlisi bilen gelýän sözlere däl-de, esasan, uzyn e:
çekimlisi bilen gelýän sözlere gabat gelindi. Şu ýerde uzyn e: çekimlisi we onuň ösüş
taryhy barada durup geçmek mümkin. Bu çekimli “Diwanyň” köp sözünde duş
gelýär. Hatda onuň özüne ýakyn gysga e we uzyn i: çekimli seslerine gapma-garşy
durup, sözleri tapawutlandyryşyna-da, ýagny fonema hyzmatynda gelşine-de duşulýar.
Muňa degişli käbir mysallar: keç: aý-kün keçti [5] “geçmek” – ke:ç [5] “gi:ç”, i:ş [5]
“i:ş” – e:ş [5] “ýoldaş”; ti:z [5] “dy:z”; te:z [5] “ti:z”; e:l [5, 48-49 s.] “il-gün, ýurt”
e:r [5, 45 s.] “ä:r, erkek adam” we ş.m.
79
Gadymy uzyn e: çekimlisiniň häzirki zaman türkmen diliniň käbir ýerli
gepleşiklerinde saklanyp galyşyna, hatda özbaşdak fonema hyzmatynda gelşine-de
duşulýar. Meselem: ýomut şiwesiniň günbatar gepleşiginde sewiş (söwüş etmek) –
se:wiş- (sögüşmek), gökleň şiwesinde sew- (söýmek) – se:w (sö:gmek), nohur
şiwesinde geç (geçmek) – ge:ç (gi:ç), be:ş (bä:ş), ge:ň (gi:ň), e:n (i:n) we ş.m.
Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynyň” türkmen diline mahsus sözlerinde duşýan
uzyn e: çekimlisi asyrlaryň geçmegi we diliň ewolusion ösüşi bilen bagly iki ugur
boýunça üýtgäp, öz ornuny dura-bara uzyn ä: we uzyn i: çekimlilerine beripdir we
özbaşdak fonema bolmak ukybyny ýitiripdir. Başgaça aýdylanda, bu ýagdaýy
e:
i:
şekilde aňlatmak bolar..
д:
e: > i: degişli mysallar:
e:l [5, 48-49 s.] – i:l; ke:ç [5] – gi:ç; te:z [5] – ti:z;
e:n [5, 49 s.] – i:n; be:l [5] – bi:l; ke:je [5] – gi:je;
te:di : ol maňa andag tedi [5] – diýdi we ş.m. Sözleýişde, berer sözüniň bi:r (biýr),
diýer sözüniň di:r (diýr) ýaly aýdylyşyna häzir-de duş gelinýär.
e: > ä: degişli mysallar:
e:r [5, 45 s.] – ä:r; be:ş [5] – bä:ş; etük [5, 65 s.] – ä:dik;
ketmen [5, 444 s.] – kä:tmen; keklik [5, 479 s.] – kä:klik;
neçä [5] – nä:çe; dede [5] – dä:de; telü [5] – dä:li; kemi [5] – gä:mi; tegül: tegil [5,
393 s.] – dä:l we ş.m.
Häzirki zaman türkmen edebi dilinde uzyn e: cekimlisi ulanylmaýar.
Gadymy türki ýazuw ýadygärlikleriniň dilinde uzyn e: çekimlisiniň bolandygy
türkolog A.M.Şerbagyň işinde-de bellenýär. Ol alym X–XIII asyr orta Aziýa we
Gündogar Türküstana degişli tekstleriň (şol sanda M.Kaşgarlynyň “Diwanynyň-da”)
diliniň fonetik, morfologik aýratynlyklaryny öwrenip, olarda sekiz sany gysga – a,
e, o, ö, u, ü, y, i we sekiz sany hem uzyn – a:, e:, o:, ö:, u:, ü:, y:, i: çekimlileri
bolupdyr diýen netijä gelip [13, 35 s.], olaryň hatarynda uzyn e: sesini görkezýär.
Türkmen diliniň gadymyýetinde ýokardaky ýaly 16 sany çekimli fonemanyň
bolandygyny hem L.S.Lewitskaýa ynamly nygtaýar [7, 16-17 s.]. Çekimlileriň
ýokardaky sanawyndan görnüşi ýaly, olaryň hatarynda uzyn e: sesiniň bellenmegi
türkmen diliniň bu çekimlisi barada ýokarda beýan edilen pikir bilen utgaşýar we ony
belli bir derejede tassyklaýar. Diliň ösüşiniň soňky döwürlerinde uzyn ä: cekimlisiniň
ulanylyş gerimi giňäpdir. Onuň gysga e çekimlisine gapma-garşy bolup, sözleri
tapawutlandyryjy hyzmatynyň soň emele gelendigi barada türkolog L.S.Lewitskaýa:
“Türkmen dilinde çekimlileriň täze e–ä: gapma-garşylygy emele geldi” [7, 19 s.]
diýip ýazýar. Bu pikir hakykata laýyk gelýär.
Ýazuw ýadygärliklerinde uzyn e: çekimlisiniň bellenmegi we häzirki zaman
türkmen dilinde-de oňa derek uzyn ä: fonemasynyň ulanylmagy gadymy oguz-türkmen
dilinde ä: çekimlisiniň bolmandygyny aňlatmaýar. Biziň pikirimizçe, bu çekimli has
irki döwürlerde-de türkmen dilinde ulanylypdyr. Munuň şeýledigine degişli birentek
delilleri getirmek mümkin. Öňi bilen, belli türkolog A.M.Şerbagyň ol barada öňe süren
80
täzeçe garaýşyna salgylanmak bolar. Alym işinde prof. Ý.D.Poliwanowyň gadymy
uzyn çekimliler diňe türkmen, ýakut dillerinde saklanyp galypdyr we gadymytürki
uzyn çekimlileri kesgitlemekde (olaryň aslyny dikeltmekde) bu dilleriň sözleri hasaba
alynmalydyr diýip aýdan pikirinden ugur alýar. Ol agzalan dilleriň birentek barabar
gelýän sözlerini deňeşdirmek bilen, iň gadymy uzyn çekimlili 78 sözüň aslyny
dikeldip, olaryň sanawyny berýär [14, 50-52 s.]. Alym şolara we beýleki taryhy
materiallara esaslanyp: “Türki dilleriň başlangyç (başdaky) sesleri giň we dar
cekimlilerden durýan, biri-birine gapma-garşy sekiz gysga hem-de sekiz uzyn
fonemalardan ybarat bolupdyr” [14, 35 s.] diýen netijä gelýär. Şeýlelikde, ol iň
gadymytürki çekimliler hökmünde sekiz gysga – a, o, u, y, ä, ö, ü, i we sekiz uzyn
a:, o:, u:, y:, ä:, ö:, ü:, i: seslerini görkezýär [14, 76 s.]. A.M.Şerbak bu işindäki
gadymytürki hasaplaýan sözlerinde we ýokardaky sanalýan çekimlileriň düzüminde
(hatarynda) gysga-uzynlygy bilen tapawutlanýan e – e: jübüt çekimlilerini däl-de, olara
derek ä – ä: seslerini belleýär. Bu pikir belli bir derejede jedeli bolmagynda galýar.
Çünki ol birentek alymlaryň, şol sanda türkologlar W.W.Radlowyň, Ý.D.Poliwanowyň,
L.S.Lewitskaýanyň we beýlekileriň e, e: çekimlileri baradaky pikirine täzeçe garaýar.
Şeýle bolsa-da, A.M.Şerbagyň ä we ä: çekimlileriniň gadymylygy baradaky pikiri
biziň üçin üns bererlikdir. Çünki ol türkmen diliniň we onuň çekimlileriniň
gadymylygyna göz ýetirmäge bize belli bir derejede esas berýär. Alymyň ýokardaky
gadymytürki hasaplaýan çekimlileri düzümi we mukdary taýdan häzirki zaman
türkmen edebi diliniň 8 gysga we 8 uzyn çekimlilerinden (gysgalar – a, o, u, y, e, ö,
ü, i; uzynlar – a:, o:, u:, y:, ä:, ö:, ü:, i:), diňe e (ýa-da ä) çekimlini göz öňünde
tutmasaň, birjik-de tapawutlanmaýar. Beýleki türki dilleriň hiç birinde-de şunça
mukdarda çekimli fonema ýokdur. Munuň özi türkmen halkynyň we onuň diliniň
gadymylygyna, müňýyllyklaryň dowamynda diliniň arassalygyny saklap gelendigine
şaýatlyk edýär. Şu ýerde uzyn e: çekimlisiniň häzirki zaman türkmen dilindäki
ýagdaýy barada käbir görnükli alymlaryň aýdan pikirlerini hem ýatlap geçmek
mümkin. Prof. Ý.D.Poliwanow türkmen dilinde e we ä: çekimlileriniň aýdylyşlaryny
anyklamak maksady bilen geçiren köp sanly derňewleri esasynda bularyň özara diňe
uzyn-gysgalyk alamaty boýunça tapawutlanýandyklaryna göz ýetriýär. Ol uzyn ä:-niň
uzyn e: sesi esasynda soň emele gelendigini (e:r > ä:r, be:ş > bä:ş) we e çekimlisiniň
türkmen dilinde uzyn aýdylmaýandygyny ilkinji bolup belleýär [14, 152 s.]. Prof.
N.K.Dmitriýew hem soňra türkmen edebi diliniň çekimlileriniň uzyn-gysgalygy
boýunça fonematik häsiýetlerini derňäp, uzyn e:-niň bu dilde ýokdugyny nygtaýar [3,
185 s.]. S.Kürenowyň işinde bolsa “geler” sözünden gysgalyp, gepleşikde aýdylýan
ge:r sözi (geler > ge:r) bolaýmasa e: çekimlisiniň başga ýerde duşmaýandygy
aýdylýar [6, 27-62 s.]. Gürrüň edebi dil hakynda barýandygy üçin, ýokarky alymlaryň
pikirleri bilen doly ylalaşmak bolar.
Häzirki zaman türkmen edebi dilinde uzyn ä: çekimlisiniň ulanylyşyny
anyklamak maksady bilen 80 müň çemesi sözi öz içine alýan “sözlükden” ol çekimli
bilen baglanyşykly 170 söz hasaba alyndy. Bularyň köpüsiniň (54% çemesiniň)
gadymdan bäri ulanylyp gelinýän hususy türkmen sözleridigi, az böleginiň-de dilde
soň peýda bolandygy bilindi. Munuň özi uzyn ä:-niň ulanylyş geriminiň gitdigiçe
giňelendigini görkezýär.
81
Uzyn ä: çekimlisi aşakdaky ýaly ýerlerde duş gelýär.
1. Uzyn ä:-niň sada sözlerde gelşine mysallar: ä:ý, wä:k, ä:r, ä:k, ä:ň, mä:z,
mä:ş, gä:z, gä:dik, gä:tmek, tä:nmek, dä:nmek, tä:rim, nä:me, nä:çe, mä:lemek we ş.m.
2. Inçe ä: sesine fonetik taýdan özgeren käbir goşma sözlerde gabat gelinýär.
Meselem: bä:ri (< bu ýeri), ä:ňet (< a:ň et), gelä:ý (< gelegaý /gelegoý), görä:ý
(< göregaý /göregoý), bilä:ý (< bilegaý /bilegoý) we ş.m.
3. Uzyn ä: çekimlisi goşulmalarda we söz bilen goşulmanyň sepgidinde
aşakdaky ýaly ýerlerde duş gelýär:
a) Ol ses häzirki zaman işliginiň -ýa:r/-ýä:r, häzirki zaman ortak işliginiň
-ýa:n/-ýä:n, hal işliginiň ýokluk şekilini aňladýan -ma:n/-mä:n, hal ýasaýjy -ýa:n-ça:/
-ýä:nçä:, -ýa:rka/-ýä:rkä:, -ma:nka:/mä:nkä:, orun-degişlilik aňladýan -da:-ky/-dä:ki
ýaly goşulmalarda ulanylýar. Meselem: gelýä:r, bilýä:r, gelýä:n, bilýä:n, görmä:n,
bilmä:n, gelýä:ncä:, görýä:nçä:, gelýä:rkä:, diýýä:rkä:, diýmä:nkä:, sendä:ki, öýdä:ki
we ş.m.
b) Soňy e çekimlisine gutaran at sözler 1-nji ýöňkemäniň -m, -myz/-miz, 2-nji
ýöňkemäniň -ň, -ňyz/-ňiz goşulmalary bilen we eýelik düşümiň -nyň/-niň, -ň, ýeňiş
düşümiň -ny/-ni, ýöneliş düşümiň -a/-e goşulmalary bilen üýtgänlerinde uzyn ä:
çekimlisi aýdylýar. Käbir mysallar: göle – gölä:m, gölä:miz, gölä:ň, gölä:ňiz,
gölä:niň, gölä:ni, gölä:, dereje – derejä:niň, derejä:ni we ş.m.
ç) Soňy e çekimlisine gutaran düýp işliklere hal işliginiň -p (-yp/-ip/-up/-üp),
ortak işliginiň -n (-an/-en) goşulmasy goşulanda, iki çekimliniň birleşmegi bilen uzyn
ä: sesi emele gelýär. Käbir mysallar: i:şle – i:şlä:p, sözle – sözlä:p, gürle – gürlä:n,
di:şle – di:şlä:p, dişlä:n we ş.m.
d) Soňy i çekimlisine gutaran atlar ýöneliş düşüm bilen üýtgände, iki
çekimliniň birleşmegi bilen uzyn ä: sesi aýdylýar. Mysallar: süri + e > sürä:, Dürli
+ e > Dürlä:, Berdi + e > Berdä:, kiçi + e > kiçä: we ş.m.
4. Uzyn ä: çekimlisi -a:/-ä:, -da:/-dä:, -ha:/-hä:, -kä:, -kä:te ýaly ownuk
böleklerde-de duş gelýär. Meselem: sen-ä:, gel-ä:, geler-dä:, berer-dä:, Ene-hä:,
kä:bir, kimkä:, kä:te we ş.m.
5. Uzyn ä: sesi alynma sözleriň türkmen dilinde özleşdirilip aýdylyşynda duş
gelýär. Käbir mysallar: ä:pet, ä:girt, ä:mert, ä:şgä:r, çä:re, çä:rýek, çä:ýnek, hä:zir,
mä:lim, mä:tä:ç, kä:rende, kä:riz, kä:ti:p, kä:şke, pä:k, pä:ki, pä:kize, pä:lwan,
tä:miz, tä:leý, tä:si:r, tä:ç we ş.m.
Alymlaryň gysga e, ä we uzyn e:, ä: çekimlileri barada aýdan pikirlerini göz
öňünde tutup hem-de ýokarda getirilen türkmen diliniň mysallaryna esaslanyp,
aşakdaky ýaly netijelere gelmek mümkin.
Biziň pikirimizçe, gadymy oguz-türkmen dilinde e, ä sesleriniň ikisi-de e//ä
görnüşinde bir gysga fonemanyň, e:, ä: çekimlileriniň ikisi-de e://ä ýagdaýynda bir
uzyn fonemanyň wariantlary hökmünde ugurdaş (parallel) ulanylypdyr. Mysal üçin
gel(mek) işligi “gel” we “gäl” şekillerinde, erkek adamy aňladýan er sözi-de “e:r”
we “ä:r” görnüşlerinde ugurdaş ulanylypdyr. Meşhur türkolog E.W.Sewortýan beýleki
türki dillerdäki etük, er/e:r sözleriniň türkmen dilinde ä:dik, ä:r ýaly aýdylyşyndan
ugur alyp, gadymy türki taýpalaryň dilinde dar e we giň ä: çekimlileri parallel
ýagdaýda ulanylypdyr, ýagny ýokarky sözler etük/ä:dik er/ä:r kimin görnüşlerde
82
ugurdaş aýdylypdyr diýip çaklaýar. Alym ol sözlerde aýdylýan ä:-ni etimologik
uzynlyk hasaplaýar. Onuň bu pikiri hakykata ýakyndyr. Munuň şeýle bolandygyna
häzirki zaman türki dilleriň birnäçesinde (azerbaýjan, uýgur, başgyrt, tatar, gazak we
ş.m.), şol sanda türkmen dilinde we onuň şiwelerinde-de gysga e, ä çekimlileriniň bir
fonema (ýa-da bir fonemanyň dürli wariantlary) hökmünde, uzyn e:, ä: çekimlileriniň
hem başga bir fonema (ýa-da bir fonemanyň dürli wariantlary) hökmünde duş
gelmegi şaýatlyk edýär. Asyrlaryň dowamynda diliň ösmegi, baýlaşmagy we
kämilleşmegi bilen gysga e, ä çekimlileriniň artikulýasion we akustiki häsiýetleri
özara ýakyn (ikisi-de giň, alynky hatar, dodaklanmadyk), uzyn e:, ä: sesleriniň-de
aýdylyş häsiýetleri özara ýakyn (ikisi-de giň, alynky hatar, dodaklanmadyk) ses
bolandyklary üçin, olaryň birden-biri esasy ses – fonema hökmünde saýlanyp, sözleri
tapawutlandyrmaly bolupdyr. Türkmen dilinde şeýle hyzmaty gysga fonema üçin
ortaky galyş e çekimlisi, onuň uzyn jübüti – fonemasy üçin-de aşaky galyş ä: sesi
ýerine ýetirip başlaýar. Bu çekimliler irki döwürlerde özara gapma-garşy bolup:
çek- (işlik) – çä:k (at);
ek- (işlik) – ä:k (at);
et (at, işlik) – ä:t- (işlik);
eň- (işlik) – ä:ň (at);
ger- (işlik) – gä:r (sypat);
ten (at) – tä:n- (işlik) ýaly sözleri tapawutlandyryp gelipdir. Häzirki döwürde
şeýle fonologik (gapma-garşy) jübüt sözleriň sany köpelip, dilde olaryň ýigrimä
golaýy duş gelýär. Munuň özi e – ä: gapma-garşylygy boýunça ol çekimlileriň
fonema derejeleriniň has ýokary göterilendigini aňladýar.
Türkmen diliniň öz içki serişdeleriniň (goşma sözleriň gysgalmagy, söz bilen
goşulma arasynda alynky hatar iki çekimliniň birleşmegi esasynda) we alynma
sözleriň hasabyna uzyn ä: çekimlisiniň edebi dilde ulanylyş gerimi has giňäpdir.
Munuň tersine, uzyn e: çekimlisiniň ulanylyş gerimi gitdigiçe daralyp, ýok bolmak
hetdine ýetipdir. Şeýlelikde, türkolog L.S.Lewitskaýanyň türkmen diliniň
çekimlileriniň düzüminde hil we mukdar taýdan tapawutlanýan täze e – ä: fonologik
jübüti soňky döwürlerde emele gelipdir [7, 19 s.] diýen pikiri tassyklanýar.
Gadymy türkmen sözlerinde we köp sanly goşulmalarda uzyn ä: çekimlisiniň
duş gelmegi onuň has gadymy, ilkibaşdaky sesleriň biridigini aňladýar.
Tьrkmenistanyň Prezidentiniň
эanyndaky YTЭG-yň
Magtymguly adyndaky
Dil we edebiэat instituty
Kabul edilen wagty
2006-njy ýylyň
Bitaraplyk aýynyň 27-si
EDEBIÝAT
1. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. – Aşgabat: TDNG, 2001.
2. Annanurow A. Fonetika dil biliminiň bölümidir. – Aşgabat, 1959.
3. Дмитриев Н.К. Долгие гласные в туркменском языке // Исследования по
сравнительной грамматике тюркских языков, ч.1. Фонетика. – М., 1955.
83
4. Исхаков Ф.Г. Долгие гласные в тюркских языках // Исследования по
сравнительной грамматике тюркских языков, ч.1. Фонетика. – М., 1955.
5. Kaşgarly M. Divanü lugat-it türk terjimesi (çeviren Besim Atalay), 4-nji neşir,
I-III j. – Ankara, 1999.
6. Kürenow S. Türkmen diliniň uzyn we gysga çekimlileri. – Aşgabat, 1971.
7. Левитская Л.С. К реконструкции пратюркского вокализма // Сравнительноисторическая грамматика тюркских языков. Фонетика. – М., 1984.
8. Муталлыбов С.М. “Дивану лугат-ит турк Махмуда Кашгарского (перевод,
комментарий, исследование). АДД. – Ташкент, 1967.
9. Nurmuhammedow A. M.Kaşgarynyň “Diwanynda” uzyn çekimlileriň görkezilişi
// Türkmenistanda ylym we tehnika, 2002. №4.
10. Nurmuhammedow A. M.Kaşgarynyň “Diwanynda” uzyn çekimlileriň fonologik
hyzmaty we türkmen diliniň çekimli fonemalary // Türkmenistanda ylym we
tehnika, 2002, №5.
11. Поливанов Е.Д. К вопросу о долгих гласных в общетюркском праязыке//
Доклады АН СССР, Серия “В”. – Л., 1927. №7.
12. Поцелуевский А.П. Фонетика туркменского языка. – Ашхабад, 1936.
13. Щербак А.М. Грамматический очерк языка тюркских текстов X–XIII вв. из
Восточного Туркестана. – М.-Л., 1961.
14. Щербак A.M. Сравнительная фонетика тюркских языков. – Л., 1970.
A.Nurmuhammedov
LONG E: Ä: VOWELS AND THEIR HISTORICAL DEVELOPMENT
IN THE TURKMEN LANGUAGE
Many scientists (E.D.Polivanov, A.P.Potseluevskiy, N.K.Dmitriyev,
A.M.Scherbak, A.Annanurov, S.Kurenov) asserted that long and short vowels in the
Oghuz-Turkic group of languages play an important historical and phonological role.
This opinion was proved by the language material of the ancient written monuments
and of the present-day Turkic languages. Along with other vowel contrapositions in
the language of “Divanu lugat-it turk” by Mahmood Kashgari (the XI-th century) the
[e] – [e:] contraposition, which differentiated words (keç “pass by” – ke:ç “late”,
etc.) has been revealed. Long [e:] phoneme used in “Divan” throughout many
centuries has developed in two directions: it turned into long [ä:] vowel (e:r > ä:r,
beş > bä:ş) in some words, and into long [i:] (e:l > i:l, ke:ç > gi:ç) phoneme in other
ones. Thus, long [e:] phoneme ceased to exist in the contemporary Turkmen literary
language. Currently, instead of the ancient [e] – [e:] contraposition of vowels there
is a new pair of opposed to each other vowel phonemes. It is the [e] – [ä:]
contraposition, which differentiates words like et “meat” – ä:t “make a step”, eň
“descend” – ä:ň “jaw” and so on.
In the present-day Turkmen language [ä:] phoneme is used in many simple
(ä:r “a man”, ä:ň “jaw”, mä:z “gland”), compound (bä:ri < bu ýeri “this place, here”,
84
ä:ňet < a:ň et “look”) and borrowed (kä:tip “secretary”, tä:miz “clean”, kä:r
“profession”, çä:rýek “quarter”) words, and in numerous affixes. These facts serve
as good evidence that long, front and low vowel [ä:] has existed in the Turkmen
language primordially, since the ancient times. This article provides more details and
insight into the matter.
А.Нурмухаммедов
О ДОЛГИХ ГЛАСНЫХ E:, Ä: И ИХ ИСТОРИЧЕСКОМ
РАЗВИТИИ В ТУРКМЕНСКОМ ЯЗЫКЕ
По мнению многих лингвистов (Е.Д.Поливанов, А.П.Поцелуевский,
Н.К.Дмитриев, А.М.Щербак, А.Аннануров, С.Куренов) долгота и краткость
гласных в языках огузской группы имеют важное историческое и
фонологическое значение. Свидетельством чего являются языковые материалы
древних письменных памятников, а также современных тюркских языков. Так,
в языке “Дивану лугат-ит турк” Махмуда Кашгарского (XI в.) наряду с другими
противопоставлениями гласных имеется и противопоставление [е] – [е:], по
которому различались слова (keç “проходи” – ke:ç “поздно” и др.). Долгая
гласная фонема [е:], употребляемая в языке “Дивана”, в течение многих
столетий развивалась по двум направлениям: в одних словах она
трансформировалась в долгий звук [ä:] (e:r > ä:r, beş > bä:ş), а в других – в
долгий [i:] (e:l > i:l, ke:ç > gi:ç). Таким образом, долгая фонема [е:] перестала
существовать в современном туркменском литературном языке. В настоящее
время вместо исторического противопоставления гласных [е] – [е:] возникло
новое противопоставление [e] – [ä:], различающее слова типа et “мясо” – ä:t
“шагай”, eň “спускайся – ä:ň “челюсть” и др.
В современном туркменском языке гласная фонема [ä:] употребляется во
многих простых коренных (ä:r “мужчина”, ä:ň “челюсть”, mä:z “железа”),
сложных (bä:ri < bu ýeri “сюда”, ä:ňet < a:ň et “смотри”), заимствованных (kä:tip
“секретарь”, tä:miz “чистый”, kä:r “профессия”, çä:rýek “четверть”) словах, а
также в многочисленных аффиксах. Эти факты свидетельствуют о том, что
долгая, переднерядная, нижнего подъема гласная [ä:] существует в туркменском
языке изначально, с древних времен. В данной статье факты излагаются в
широком плане.
85
TÄZE SAHYPA
Dünýä belli taryhçy akademik W.W.Bartold (1869–1930) köp sanly bahasyna
ýetip bolmajak ajaýyp eserleri ylym dünýäsine miras goýup giden meşhur alymdyr. Ol
özüniň “Türküstan mongol çozuşlary eýýamynda” (1900 ý.) atly ilkinji düýpli we
nusgawy eserinde Orta Aziýa halklarynyň irki orta asyrlar döwründäki taryhyny ylmy
nukdaýnazardan öwrenmekde we ýazmakda onuň esasyny goýupdyr. Alymyň soňky 30
ýylyň dowamynda döreden ähli eserleri özüniň çuň manylylygy, täzeçilligi bilen, her bir
okyjyny özüne bendi edýär. Ol täsin galdyryjy başarjaňlyk bilen arap, pars we türki
dillerinde ýazylan ilkinji çeşmelerden peýdalanypdyr, olary beýleki dürli çeşmeleriň
maglumatlary bilen deňeşdirip, her bir taryhy hadysa we oňa degişli delillere dogry baha
beripdir. Şonuň üçin W.W.Bartoldyň eserleri, olaryň ýazylan döwründen ep-esli wagtyň
geçendigine seretmezden özleriniň ähmiýetlerini saklap, alymlaryň ýan kitaplary
bolmaklaryny dowam etdirýär. Awtoryň köp jiltli eserler toplumynyň birinji jildini
taýýarlaýjylaryň belleýşi ýaly “Bir ýurdy (Orta Aziýa göz öňünde tutulýar. – A.Ýa.)
öwrenmek boýunça şeýle köp işleri bitiren, şonuň ýaly beýleki bir alyma dünýä ylmynyň
taryhynda duş gelmek kyn. Ol sözüň doly manysynda Orta Aziýanyň taryhyny döredip,
adatça, ylmy barlagçylaryň birnäçe nesilleriniň bitirjek işlerini bir özi berjaý edipdir”.
Akademik W.W.Bartold türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyny, edebi mirasyny
öwrenmekde hem önjeňli işlän alymdyr. Olar bilen bagly meseleler onuň köp sanly
eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. W.W.Bartoldyň 1929-njy ýylda neşir eden
“Türkmen halkynyň taryhynyň oçerki” atly nusgalyk işi bu meselä bagyşlanyp ýazylan
ýörite işdir. Ol özüniň ähmiýetini biziň günlerimizde hem dolulygyna saklap gelýär.
Beýik alym “Dädem Gorkut kitabyny” ilkinji bolup XIX asyryň ahyrynda oguz
(türkmen) dilinden ors diline ussatlyk bilen geçiripdir. Ol 1962-nji ýylda aýratyn kitap
görnüşinde çap edilipdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynyň bahasyna ýetip
bolmajak ruhy peşgeş hökmünde halkymyza gowuşmagy bilen, türkmen halkynyň
geçmiş taryhynda belli bir yz galdyran şahsyýetlere bolan gyzyklanma has hem artdy.
Şol jähtden seredeniňde, taryhy şahsyýetler bilen gös-göni baglanyşykly tutumly terjime
işiniň ýerine ýetirilmegi derwaýys mesele.
Bu terjime işi taryhy şahsyýetleriň 30-dan gowragynyň ömür beýanyny öz içine
alýar. Olaryň käbirleri türkmenleriň guran döwletleriniň hökümdarlary bolsa, beýlekileri
şolar bilen goňşuçylykda ýerleşen döwletlere baştutanlyk edipdirler. Ýöne olar hem
türkmen döwletleri bilen belli bir derejede gatnaşykda bolupdyrlar.
Ýerine ýetirilen terjimede Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes
Ruhnamasynda hem uly orun eýeleýän Horezm türkmenleriniň, Köneürgenç
türkmenleriniň, Garahanlylar türkmen döwletleriniň we beýlekileriň hökümdarlary
baradaky gyzykly maglumatlar hemmeleriň ünsüni çekse gerek. Horezmiň hökümdary
Atsyz, Horasanyň hökümdary Ahmet bin Sähl bin Haşim, Garahanlylaryň neberesinden
Mawerannahra hökümdarlyk eden Arslan han, Orta Aziýada dürli döwletleri dolandyran
Baýramaly han, Orta Aziýada dürli döwletleri dolandyran Ilek hanlar; şolaryň
neberelerinden bolan Bugra han; Böri-tegin; Horezmiň (Köneürgenç türkmenleriniň)
hökümdary Tekeş; Horezmde türk keramatlylarynyň biri, Hoja Ahmet Ýasawynyň iň
86
gowy şägirtleriniň biri Hekim ata; Horezmde horezm şalar neberesini esaslandyryjy
Kutb-ad-din Muhammet… ýaly ençeme şalar, hökümdarlar, hanlar, olaryň ykballary
ýerine ýetirilen terjime işiň esasyny düzýär. Uruş, ýaraşyk, garyndaşlyk açmak,
dönüklik… ýaly ýagdaýlar käte şol bir neberäniň çäklerinde gaýtalanyp duran adaty
ýagdaýa öwrülýär. Ine, olaryň ýekejesiniň, ýagny Baýramaly hanyň ykbaly baradaky
gysgaça hekaýat:
“Baýramaly han Merwiň hökümdary. Onuň kakasy gajarlar urugynyň yzzadynly
toparyndan gelip çykýar, gajarlar Merwde şa Apbas I döwründen bäri agalyk edipdirler,
ejesi – türkmenleriň salyr taýpasyndan, onuň özi, habar bermeklerine görä, türkmenleriň
arasynda adatdan daşary batyr esger hökmünde şöhrat gazanypdyr. Myrat beg (Masum
şa) buharaly bilen uruşda ol özüniň gözsüz batyrlygy netijesinde gabawa düşdi we
söweşde wepat boldy, onuň kellesi Buhara eltildi we jeza berilýän belent ýerde
görkezmek üçin goýuldy. Merwde onuň ikinji ogly Muhammetkerim oňa mirasdar boldy;
onuň uly ogly Muhammet Hüseýin öz ömrüni ylma bagş etdi we “öz döwrüniň Platony”
(Aflatuny-i-wakt) şöhrathna eýe boldy…”.
W.W.Bartoldyň beýik şahsyýetler baradaky ýazgylary beýan ediliş usulynyň dürli
möçberliligi bilen tapawutlanýar. Şol şahsyýetlerden Altyndaş, Arslan han, Atsyz, Afşin,
Ahmet bin Sahl bin Nasym, Baba beg, Baýramaly han, Baýsunkar, Isgender han,
Ysmaýyl bin Nuh, Kutb-ad-din Muhammet… dagylar baradaky ýazgylar bir sahypadan
geçmeýän bolsa, Bugra han, Borak han, Burhan, Horezmşalar… we beýleki käbirleriniň
ýazgylary 3-4 sahypa möçberindedir.
Terjime edilen ýazgylarda diňe türkmenleriň guran döwletleri bilen baglanyşykly
şahsyýetleriň terjimehaly däl, eýsem mongol basybalyjylary bilen gös-göni baglanyşykly
şahsyýetler baradaky maglumatlaryň hem öz beýanyny tapandygy ünsi çekýär. Şolardan
Çagataý han we Şeýbanylar (mongollardan dörän nesiller) hem olaryň ykbaly baradaky
täsin maglumatlar hem köpleriň ünsüni çekse gerek.
Häzirki wagta çenli Özbegistanyň çäklerinde ýaşap gelýän sartlar diýlip
atlandyrylýan halk barada hem terjimede täsin maglumatlar bar. Şolaryň adynyň gelip
çykyşynyň birnäçe görnüşleri barada gürrüň gozgalýar, “Sart” ilkibaşda “täjir”
manysyny berýän türk sözi bolupdyr, şol manysynda ol “Kutadgy bilikde” hem
ulanylypdyr” diýlip, olar baradaky ýazgynyň başynda nygtalýar.
Reşid-ad-din bolsa “garlyklaryň (yslam dinine giren) hökümdary Arslan han
mongollara tabyn bolanda, ol şolar tarapyndan “sartaktaý”, ýagny “täjik”
atlandyrylypdyr” diýip gürrüň berýär. Ahyr soňunda hem “oturymly ilat babatda çarwalar
tarapyndan gizläp bolmajak ýigrenç bilen ulanylýan we halk arasynda gelip çykyşy “sary
it” diýlip düşündirilýän sart sözi häzir ulanyşdan galdyryldy” diýlip düşündirilýär.
Umuman, tutuşlygyna alanyňda W.W.Bartoldyň türkmenler we türki halklary bilen
baglanyşykly taryhy şahsyýetler baradaky ýazgylary gyzykly hem täsirli maglumatlary
özünde jemleýär. Olaryň ýokary hilli terjime edilmegi geljekde türkmen okyjylarynyň
arasynda hem uly gyzyklanma döredip bilerdi. Şoňa görä-de, bu ýazgylaryň geljekde
aýratyn kitap görnüşinde neşir edilmegi türkmen jemgyýetçiligi üçin iňňän peýdaly
bolardy. Biz şu makalamyzda akademik W.W.Bartoldyň türkmen halkynyň taryhynda
belli bir derejede yz galdyran käbir taryhy şahslara degişli işlerinden bölekleri terjime
edip, ylmy jemgyýetçilige we okyjylar köpçüligine hödürlemegi makul bildik.
Redaksiýanyň adyndan t.y.k. A.Ýazberdiýew.
87
Akademik W.W.Bartoldyň “Orta Aziýanyň taryhyndan aýratyn derwaýys
meseleler boýunça işler” atly eserler ýygynydysynyň
“Yslam ensiklopediýasyndan” makalalar” bölümi
(II tom, 2-nji bölüm. Taryhy şahslar hakynda)
Bugra han
Bugra han, (Orta Aziýada) ilek hanlaryň türk neberesinden ýa-da
Garahanlylardan1 bolan hökümdarlaryň köpüsiniň derejesidir. Olardan has ady bellileri
şulardyr:
1. Satuk Bugra han Ab al-Kerim, bu neberäniň agzalarynyň ilkinjisidir, habar
bermeklerine görä, ol yslam dinini kabul edipdir we ony öz döwletinde ýaýradypdyr. Ibn
al-Asir (Tonebergiň neş., XI, 54) ony Satuk (Şabuk deregine şeýle okamak gerek) Garahakan diýip atlandyrýar. Umuman, onuň ýurdy dolandyryşy barada hem, eger diňe Ibn
al-Asiriň (Tornbergiň neş., VIII, 396) köp sanly türk halkynýň 349/960 ý. yslamy kabul
edişi baradaky hekaýaty bu hökümdaryň raýatlaryna degişli bolaýmasa, başga hiç hili
ynamdar habarlar ýok. Jemal Garşynyň ýazgylaryna laýyklykda, (ser. Bartold, Türküstan,
I bölüm, 130 sah. we sözl.) ol eýýäm 344/955–56-njy ýylda aradan çykypdyr; onuň
gubury Artujada (häzir Artyş) ýerleşýär we häli-häzire çenli zyýarat edilýän ýer bolup
durýar. Onuň Tazkiraýi Bugra han ady bilen belli bolan ömür beýany F.Grenar
tarapyndan gaýtadan işlenilipdir (La legende) we şübhesiz, rowaýata öwrülendir. Şol
rowaýatyň aýry-aýry bölekleri eýýäm bize gelip ýeten çeşmeleriň iň gadymylarynda duş
gelýär, Jemal Garşynyň ýazgylarynda galanlary soňrak goşulypdyr, bu rowaýatlaryň
astynda haýsydyr bir taryhy maglumatyň ýatandygyny anyklamak mümkin däl.
2. Bugra han Harun b. Musa (Ibn al-Asirda, Tornbergin neş., IX, 68: Harun b.
Süleýman)2, öňküniň agtygy, şol nebereden Mawerannary ilkinji basyp alan. Samany
döwletiniň kuwwaty Nuh b. Mansuryň döwründe (365-367/997-999 ýý.) içerki
bulagaýlyklar zerarly opurylypdy; haçan-da basybalyjy 380/990 ýý. öz paýtagty
Balasagundan (ser. E.I, I, S.639) Samanylar döwletiniň demirgazyk-gündogar serhediniň
golaýyndaky Isfijab (häzirki Saýram, Çimkendiň golaýynda) şäheriniň öňünde peýda
bolanda, ol hiç ýerde düýpli garşylyga gabat gelmedi; hatda Samanylara duşmançylykly
meýilli bolan barly gatlaklaryň özi türkleri çagyrdy diýip, habar berýärler. Eýýäm 382nji hijri ýylynyň rebi-us-sani (992-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 7-si – 992-nji ýylyň
Nowruz aýynyň 5-i) aýynda Bugra han Buhara, Samanylaryň paýtagtyna girip bildi, ýöne
şondan soň tiz wagtdan miweleri çenini bilmän, ölçegsiz iýenligi zerarly agyr näsaglap,
basyp alan ýurduny terk etmäge mejbur boldy. Eýýäm şol ýylyň jumady-as-sani aýynyň,
hoşgüni (Alp Arslan aýynyň 17-si) Nuh öz paýtagtyna dolanyp geldi; Bugra hen Kaşgara
1
O.Prisagyň geçiren barlaglaryna laýyklykda, Garahanlylaryň kaganlygyna Arslan-Gara-hakan ýa-da Arslan han derejesi
bolan ýokary kagan baştutanlyk edipdir, paýtagty Ordu (Gara-ordu ýa-da Kuz-ordu) Balasagunyň ýanynda ýerleşip, onuň
kagan-gezekleşikli hökümdary (“Mit-Qatan”) bolupdyr,.ol Bugra-Gara-hakan (ýa-da Bugra han) derejesini göteripdir we
kaganlygyň günbatar bölegini dolandyrypdyr, paýtagty Tarazda (bir wagtlar Kaşgarda) ýerleşipdir. Arslan han ölen
ýagdaýynda Bugra han onuň ýerine geçipdir we onuň derejesini kabul edipdir. O.Prisagyň pikirine görä, ýokary
häkimiýetiň şeýle guralyşy garlyk taýpalarynyň ikä bölünen guramasyny aňladypdyr. Kaganlaryň ikisiniňem derejeleri
garlyklaryň iki taýpa toparynyň oňonlaryna laýyk gelipdir: Arslan (ýolbars) – çigillerden we Bugra (düýe) – ýagmalardan
bolupdyr. (Ser. kitapdan göçürmeli – 506 s. 1 çykgyt).
2
Onuň ady dogry: Abu Musa al-Hasan (Harun) b. Süleýman (ser. Pritsak, Die Karachaniden, s. 26) – Ý.B.
88
barýan ýolda Goçgarbaşy diýen ýerde öldi, belki, şol ýer Çu derýasynyň gözbaşyndan
uzakda däldir, sebäbi, häzirem şol ýer Goçgar diýlip atlandyrylýar. Ibn al-Asir
(Tornbergin neş., IX, 68 we sözl.) özüniň baş çeşmesinde, ýagny Utbi Ta rih-i Ýamüni
işinde takyk sene tapmansoň, Bugra hanyň Buharany basyp almagyny diňe 383/993–94nji ýyllara degişli edýär, ýöne bu tassyklama Gardiziniň we Beýhakynyň (Morleýiň neş.,
234) biri-birine doly laýyk gelýän hekaýatlary bilen gürrüňsiz ýalana çykarylýar (ser.
Bartold. Türküstan, I böl., 12 s.).
3. Bugra han Muhammet b. Ýusup, öňküniň agtygy. Öz kakasy, Kagşgary
dolandyran Kadyr han Ýusup dirikä, ol Ýagan-tegin3 derejesini göteripdir; (423/1032 ý.)
öz kakasy aradan çykmagyndan soň hem öz dogany (agasy) Arslan han Süleýmanyň
tagta çykmagyndan soň, Bugra han derejesini aldy hem oňa mülk hökmünde Taraz
(häzirki Öwlüýä ata)4 we Isfijab berildi. Şazada hökmünde hem, hökümdar hökmünde
hem ol Gaznalylar bilen baglanyşyklydy we şolaryň kömegi bilen öz duşmany Alp-tegini
(ser. ýokarda, 491 s.) kowup çykarmagy umyt edýärdi, ýöne bu meýilnamany amala
aşyrmak başartmady; onuň Zeýnebe, soltan Mahmydyň gyzyna we soltan Masudyň
uýasyna öýlenmek meýli hem, Mahmydyň döwründe şazadanyň özüniň 416/1025-nji
ýylda öz gelinliginiň yzyndan Balha gelendigine garamazdan, başa barmady (deňeşdir,
Beýhaky, Morleýiň neş., 655 we sözl.). Masudyň döwründe nikalaşmagyň ýene yza
çekdirilmeginden soň, Bugra han seljuklar bilen gatnaşygy ýola goýdy we
Gaznalylaryňam, öz dogany Arslan hanyňam duşmany boldy; her niçik-de bolsa, Masud
tarapyndan iberilen ymam Abu Sadyk Tebany 428-nji ýylyň zülkada aýynyň (7-sinde)
/1037-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 23-ünde Gaznadan ugrap, 1 ýyly türkleriň ýerinde
geçirensoň, Bugra hany köşeşdirmek we ony öz dogany bilen ýaraşdyrmak başartdy. Şol
ýyllarda Bugra hanyň ady bilen teňňeler Mawerannahryň özünde zikgelenipdir, munuň
özi bolsa onuň häkimliginiň şol ýerde hem ykrar edilendigi barada netijä gelmäge
mümkinçilik berýär. Ibn al-Asiriň ýazgylaryna laýyklykda, (Tonebergiň neş., IX, 358),
ol hem 436/1044–45-nji ýyllarda Mawerannahrda5 şaýylaryň hereketini ganly rehimsizlik
bilen ýatyrdy. Şol döwürde ýurtda şaýylaryň wekilleri Fatymy, Mustansir (427–487/
1036-1094 ý.ý.) üçin tarapdarlary üstünlikli hakyna tutýardylar; Bugra hanyň özi göz
üçin dinden çykanlary goldaýardy, ýöne diňe olary aldamak üçin şeýle edýärdi; olar
hanyň oňat garaýşy arkaly özlerini her hili howpdan daşda hasap eden wagtlarynda bolsa
paýtagtda hem welaýatda duýdansyz buýruk berildi. Ibn al-Asire salgylansaň (Tornbergiň
neş., IX, 211), Bugra han diňe 439/1047–48-nji ýyla çenli ýaşapdyr, ýöne Beýhakynyň
ýazgylaryna görä (Morleýiň neş., 230), döwürdeşi hökmünde ol, elbetde, has uly ynama
mynasypdyr, ol 449/1057–58-nji ýyla çenli ýaşapdyr. Çeşmeleriň ikisine-de salgylansaň
(Ta’rih-i Beýhakynyň golýazmalarynyň ýazgysy şol ýerde, 1307/1889–90-njy ýylda
litografirlenen pars neşirde (193 s.) dogry görkezilişi ýaly, şübhesiz zaýalanypdyr), öz
ölüminiň öň ýanynda ol öz dogany Arslan hany ýurtdan çykaryp kowupdyr we onuň
3
Bu dereje hakda ser. Bartold, Tьrkьstan – häz. neş., I tom, 346 s., 4 bellik; Pritsak, Die Karachaniden, 23 s. – Ý.B.
Indi Gazagystandaky Jambyl şäheri.
W.W.Bartold ýalňyşlyk bilen Bugra hana, günbatar garahanly döwletiniň Mawerannahrdaky (bilelikde
dolandyryjy kagany) Ybrahym b. Nasra degişli maglumatlary Muhammet b. Ýusuba degişli edilpdir; (ser.
Aşakda, 513 s. Böri-tagan makalasy); ser. Pritsak, Die Karachaniden, 45 s. Bartoldyň ýalňyşlygy şol döwürde
433/1041–42 ý. garahanly kaganlygynyň aýratynlykdaky iki kaganlyga – günbatar we gündogar
kaganlyklaryna bölünendiginiň entek anyklanylmandygy bilen düşündirilýär, şolaryň her birinde ýokary kagan
(Arslan han) we bilelikde dolandyryjy kagana (bugra han) bolupdy – Э.B.
4
5
89
döwletini eýeläpdir. Ibn al-Asire salgylansaň, Bugra han öz aýaly tarapyndan zäherlenip
öldürilipdir, şol aýal onuň türmedäki agasyny hem bogup öldürmegi buýrupdyr.
4. Bugra han, Kaşgaryň hökümdary, Balasagunganly Ýusup has-hajyp oňa 462/
1069–70-nji ýylda ýazan “Kutadhu bilik” atly öwüt berijilik häsiýetli poemasyny
bagyşlapdyr. Belki, ol Bugra han Harundyr, Ibn al-Asire salgylansaň, (Tornbergiň neş.,
IX, 212 we sözl.) – ol mundan öňküniň dogany6 bolmaly. Habar bermeklerine görä, şu
Bugra han 16 ýylyň dowamynda öz dogany Togrul-Gara-hakan bilen bilelikde
dolandyran hökümdar hökmünde, soňra bolsa ýene 29 ýyllap özbaşdak hökümdar bolup,
Kaşgarda, Hotanda, Balasagunda şalyk sürüpdir; onuň ölen ýyly hökmünde 496/1102–
03-nji ýyly agzaýarlar. Şeýle bolsa, Ibn al-Asir tarapyndan (Tornbergiň neş., X, 112 we
sözl.) habar berilýän “Kaşgaryň hany” baradaky maglumatlar şu hana dahylly bolaýmaly
ýaly, şol han 482/1089-njy ýylda, hamala, soltan Mälik şanyň tabynlygynda bolanmyş;
şol ýeriň özünde şu han bilen onuň dogany Ýakup-teginiň (Atbaşyň hökümdarynyň) we
ýene bir hökümdaryň, Togrulyň arasynda bolan göreş barada hem habar berilýär, ýöne
üstesine-de, şol göreşiň gutarnykly netijesi barada hiç zat aýdylmaýar.
Atsyz
Atsyz b. Muhammet b. Anuş-tegin, Horezmiň hökümdary (Horezmşa), şol
wezipäni 521 ýa-da 522/1127–1128-nji ýylda Seljuk soltany Sanjaryň elgaramasy
hökmünde öz kakasyndan miras alypdy. Ol ozaly bilen Jendi we Maňgyşlagy (türkleriň
eýeçiligindäki Müňgyşlak Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýär) eýeläp hem Türküstanyň
jümmüşine ýöriş edip, öz eýeçilgindäki ýerleri giňeldipdi; şondan köp wagt geçmänkä
ol özüni garaşsyz diýip yglan etdi, ýöne 533/1138-nji ýylda Hazaraspyň eteginde Sanjar
tarapyndan paýhyn edildi we ýurtdan kowlup çykaryldy; Sanjar Horezmşa hökmünde öz
ýegeni Süleýman b. Muhammedi oturtdy, ýöne Atsyz eýýäm şondan soňky ýylda ilat
tarapyndan yzyna çagyryldy, şazada bolsa kowuldy. 535-iň şowwal /1141-nji ýylyň
Magtymguly aýynda Atsyz soltana boýun egdi we oňa üýtgewsiz wepadar bolmaga
kasam etdi, ýöne eýýäm aradan birnäçe aý geçensoň, ol öz kasamyny bozdy, şonda garahytaýlylar bilen söweşde ýeňilmegi netijesinde (53-nji ýylyň sapar aýynyň 5-inde / 1141nji ýylyň Ruhnama aýynyn 9-ynda) soltanyň güýji gowşapdy. Eýýäm şol ýylyň güýzünde
Atsyz güýçli goşun bilen Horasanda peýda boldy we Merwi basyp aldy; şondan soňky
ýylyň ýazynda Nyşapur oňa boýun egdi, ýöne şondan soň ýurtdan köp wagt geçmänkä,
ol Sanjar tarapyndan ýurtdan kowlup çykaryldy, 538/1143–44 ýý. onuň özi Horezmde
çozuşa sezewar boldy we soltanyň ýokary häkimiýetini gaýtadan ykrar etmäge mejbur
boldy. Şondan soň köp wagt geçmänkä Atsyz üçünji gezek baş göterdi we soltanyň
ilçisini, şahyr Adip-Sabyny Amyderýa oklamagy buýurdy. 542-nji ýylyň jumdady-as-sani
/ 1147-nji ýylyň Sanjar aýynda Sanjar Horezme özüniň üçünji ýörişine başlady, iki aý
dowam eden gabawdan soň Hazarasp şäherini aldy we Gürgenjiň eteklerine baryp ýetdi;
Şol Bugra hanyň ady Abu Aly al-Hasan (Harun) b. Süleýman bolupdyr; ol Muhammet b. Ýusubyň dogany
däl-de, eýsem onuň ýegeni bolupdyr; 451/467/1059–1075 ýý. ol özüniň beýleki daýysy, Togrul-Gara-hakan
derejesini göteren Mahmyt b. Ýusup bilen bilelikde dolandyryjy hökümdar (ýagny, Bugra han) bolupdyr,
soňra bolsa (bary-ýogy iki aýyň dowamynda, 467/1074–75 ýý. – özüniň doganoglany Omar b. Mahmyt bilen
bilelikde dolandyrypdyr. Ser. Pritsak, Die Kapachaniden, 40-42 s. – Э.B.).
6
90
Atsyz soltana tabyn boldy we Sanjar bilen ikiçäk duşuşygynda (543-nji ýylyň maharram
/ 1148-nji ýylyň Magtymguly – Oguz) özüni ýokary derejede yzgytsyz alyp barandygyna
garamazdan, öz wezipesinde galdyryldy. 548/1153-nji ýylda Sanjar oguzlar tarapyndan
ýesir alyndy; Atsyz ýene-de Horasana, ýöne bu gezek soltanyň wepadar raýaty hem
goragçysy hökmünde çozup girmek isledi we möhüm şäher Amulyň (şindiki Çärjew)
özüne berilmegini talap etdi; ýöne onuň talaby ret edildi. Diňe 551/1156-njy ýylda ol
Nesanyň eteginde peýda boldy we munuň öňüsyrasynda ýesirlikden gaçan hökümdara
özüniň wepadarlygyny beýan etdi, ýöne eýýäm şol ýylyň jumady-as-sani aýynyň 9-ynda
/ Oguz aýynyň 30-ynda ol Habuşanda (şindiki Kuçan) 59 ýaşynda dünýäden ötdi.
Baэramaly han
Baýramaly han, Merwiň hökümdary (1197–1200/1782/83–1785/86 ýý.). Onuň
kakasy gajarlar urugynyň yzzadynly böleginden gelip çykýar, gajarlar Merwde şa Apbas
I-niň döwründen bäri agalyk edipdirler, ejesi – türkmenleriň salyr taýpasyndan, onuň özi,
habar bermeklerine görä, türkmenleriň arasynda adatdan daşary batyr esger hökmünde
şöhrat gazanypdyr. Myrat beg (Masum şa) Buharaly bilen uruşda ol gözsüz batyrlygy
netijesinde gabawa düşdi we söweşde wepat boldy, onuň kellesi Buhara eltildi we jeza
berilýän belent ýerde görkezmek üçin goýuldy. Merwde onuň ikinji ogly Muhammet
Kerim oňa mirasdar boldy; onuň uly ogly Muhammet Hüseýin öz ömrüni ylma bagş etdi
we “öz döwrüniň Platony” (Aflätun-i wakt) şöhratyna eýe boldy, Maşatda galdy.
(Deňeşdir: Abd al-Kerim Buhary, 58 we sözl.; Žukowskiý, Köne Merwiň harabalyklary,
83 s. we sözl.).
Gala-i Baýramaly han adyny kiçiräk gala göterýär (uzynlygy 800 m we ini 550
m), ol Köne Merwiň harabalygynyň günorta böleginde ýerleşýär, ony W.Žukowskiý
(Köne Merwiň harabalyklary) şol ýerdäki has giçki desga hökmünde kesgitledi. Has giň
manyda “Baýramaly” ady bilen aslynda Köne Merwiň harabalyklaryny atlandyrýarlar,
şonuň netijesinde hem bu at demir ýol menziline dakyldy, şeýle hem harabalygyň
golaýynda ýerleşýän “Murgap” şa mülki şol ady göterýär.
Terjime eden
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň
Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat
institutynyň bölüm müdiri
M.Tuwakow
91
INTERNET ULGAMLARYNDAN ALNAN GYZYKLY MAGLUMATLAR
NANA DÖWÜR BAŞLANÝAR
Soňky döwürde nanotilsimatlary amaly işde ulanmazlyk has ýaýbaňlanyp ugrady.
Mysal üçin, Massaçuset tehnologik institutynyň (MTI) alymlary kiçijik turbajykly
bakteriýalary ýakyn wagtlarda litiý-ion (Li-ION) we nikel-kadmiý (Ni-Cd)
akkumulýatorlaryny çykaryp başlajakdyklaryny mälim etdiler. Ýöne ýan telefonlary we
noutbuklar üçin ulanylýan häzirkizaman akkumulýatorlaryndan tapawutlylykda kiçijik
turbajykly batareýalar birnäçe minutyň dowamynda zarýatlandyrylmaga ukyply bolup,
bularyň “zarýadlandyrmak-zarýadsyzlandyrmak” bilen baglanyşykly t apgyrlarynyň
(siklleriniň) sany bolsa çäklendirilmesizdir.
Alymlaryň köpüsi elektronikanyň geljegini bu täze material bilen baglanyşdyrýarlar:
Kremniýli prosessorlaryň ýerini çalşyp biljek uglerodly nanotranzistorlaryň esasynda işleýän
prosessorlaryň ulanylmagy-da mümkin. NASA-da bolsa tros materialy hökmünde has berk
süýümleri peýdalanmaklyk göz öňünde tutulýar (trosuň kömegi bilen “kosmik lift” diýilýäni
hereketlendirilýär).
Awtomobil üçin kondensator
Elektronika boýunça professor Joýel Sindal akkumulýator we binzin dwigateli bilen
işleýän gibrit awtomobilleri mysal getirýär. Eger içinden otlanýan dwigateli (IOD) elektrik
dwigateli bilen doly çalşyp bolýan bolsa, onda häzirkizaman akkumulýator batareýalary 200300 km aralyga ýetmezdi. Ýöne nanoturbajyklary ulanmak arkaly çalt zarýadlandyrýan
batareýa peýdalanylsa, onda maşynlary doly suratda elektrik energiýasyna geçirmek bolar.
MTY-niň elektromagnetizm we elektron ulgamlary barlaghanasynyň (labaratoriýasynyň)
alymlary tarapyndan döredilen gurluşyň diňe bir ýönekeý akkumulýator däldigini, eýsem onuň
hem kondensatordygyny Smal Times aýdýar. Mälim bolşy ýaly, kondensatorlar
akkumulýatorlara garanyňda has köp elektrik energiýasyny tygşytlaýar we iňňän gysga wagtyň
dowamynda zarýatlanýar.
MTY-niň alymlarynyň ýaňy-ýakynlardaky anyklamalaryna görä, kanaturba gaty bilen
örtülen elektrodlar şol bada däl-de, birnäçe sagadyň dowamynda kondensato ry
zarýadlandyrýar, munuň özi şol kondensatorlary awtomabillerde we hereket edýän beýleki
gurluşlarda ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle netije nanoturbajyklaryň kömegi bilen
batareýaly kondensatoryň meýdanynyň ulaldylmagy arkaly gazanyldy.
Alnan ýokary hilli kondensatoryň tejribelik nusgalary (gurluşyň bu görnüşi şeýle
atlandyrylýar) “zarýadsyzlandyrmak-zarýadlandyrmak” diýilýän tapgyrlaryň sanynyň birnäçe
müňe ýetýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi, elbetde, adaty akkumulýatorlar (bularyň iň
oňat nusgalary 1000-e golaý şekilli akkumulýatorlar) bilen deňeşdirilip bilinmez.
Emma professor Şindalyň pikirine görä, kiçijik turbajykly we ýokary hilli
kondensatorlaryň artykmaçlyklaryna garamazdan, olar birnäçe hepdäniň dowamynda
energiýany saklaýjy adaty gurluşlary üýtgedip bilmeýär. Adaty Li-ION batareýalara uly
kompaniýalar tarapyndan iňňän köp möçberde pul serişdeleri goýberildi. Has takygy, kemkemden kiçi turbajykly elementleri geçirmek göz öňünde tutulýar, munuň üçin bir ýa-da iki
ýyl gerek bolar.
92
Atomlary birleşdirip
Alymlaryň bellemeklerine görä, nanotilsimatlar (nanotilsimat düşünjesi hatda
atomlary we dürli maddalaryň-malekulalaryny geçirijiler ýa-da tamamlanan gurluşlar
hökmünde ulanmaklygy göz öňünde tutýandygyny ýatladýarys) ylmyň we tehnikanyň
ösüşindäki nobatlaýyn, öwrülişikli tapgyr bolup, ähmiýeti boýunça geçen asyryň 40-njy
ýyllarynyň aýaklarynda 50-nji ýyllaryň başlarynda oýlanyp tapylan ýarym geçirijili
gurluşlaryň ulanylyşy bilen deňeşdirilip bilner.
Furelenler we nanoturbajyklar diýilýänleri näme?
Uglerod nanot urbajyklary – bular uglerodyň 90-njy ýyllarda açylan “grafit
setkajyklaryň” turbajyga düýrlenen şekilindäki täze bir görnüşi. Şeýle turbajyklaryň
diýametriniň sanlyja nanometrleri (nanometr – metriň milliarddan bir bölegine deňdir) emele
getirýändigi sebäpli, “turbajygyň nanometrik ölçüti-de” gysgaça nanoturbajyklar kimin
atlandyrylyp ugralypdyr. Nanoturbajyklar şeýle kiçi welin, eger mätäç bolsa mikroblar hem
kokteýl üçin sypal bölejikleri hökmünde, elbetde, olardan peýdalanardylar. Hakykatda, boýy
iki metre golaý adamlar diametri birnäçe millimetre barabar sypal bölejiklerini ulanýarlar.
Şu mynasybetli diýametri birnäçe nanometre barabar sypal bölejigi “boýy” iki mikrona golaý
jandara ýa-da, aýdalyň, mikroba ýararlydyr. Uglerod nanoturbajyklary 1991-nji ýylda
Ýaponiýanyň NES barlaghanasynyň ylmy işgäri Sumio Idzimo tarapyndan açyldy.
Idzima geliý atmosferasyndaky wolt dugasy zarýadsyzlaşanda emele gelen önümleri
barlady. Şol wagtlar bu iş köneçil usulda amala aşyrylypdy. Inert atmosferasyndaky kömür
elektrodlary dug zarýadlanmasy mahalynda uly möçberde gurum bölüp çykarýar. Uglerod
toplumlarynyň – fullerenleriň molekulalaryny özünde jemleýän bu gurum üçin şeýle synag
işleriniň ençemesi geçirildi. Ýöne Idzima reaksiýanyň “peýdasyz” hasaplanylýan taşlandysy.
Ýagny katodda emele gelýän betgelişik çal küle (kesindi görnüşli) bilen gyzyklanýar. Bu
küläniň edil galamdaky ýaly kömür reňkli özenjigi bolup, onda diýamet ri onlarça
mikrometre barabar içi boş uzyn närseleriň bardygyny elektron mikroskopy görkezdi. Bular
ilkinji gezek äşgär edilen nanotubajyklardyr.
Nazaryýeti ýatdan nanoturbajyklar hakda olaryň hakyky sintwezinden birnäçe aý öň
aýdylmagy, onsoňam degişli ylmy makalalaryň hatda Idzimiň makalalaryndan soň çap bolup
çykmagy-da gyzyklydyr. Bu hakda bir wagtyň özünde amerikanly J.Mintimez we rus alymy
Zeonid Çernozatonskiý aýdypdyrlar. Derrew Indzimiň açylyşynyň yzy bilen fiziklerdir
himikleriň bular baradaky çykyşlary, gürrüňleri dünýä ýaýraýar: käbir ylmy merkezleriň,
meselem, himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýesi (baýrak 1996-njy ýylda 360 fulerentlerini
açyşy üçin berildi) R.Smolliniň barlaghanasynyň ýokardaky ýaly açyş etmegiň bosagasynda
durandygy we nanoturbajyklaryň täze görnüşlerini döretmekde we olaryň häsiýetlerini
kesgitlemekde uly iş edendigi aýan bolýar.
Trillion tranzistorly prosessor
Köp mukdardaky gurama meňzeş gara reňkli külkeden ybarat bu gurluşlarda nämeler
bizi gyzyklandyrýar?
Görüp otursak, bir gatly nanoturbajyklaryň nagyşjagazlary onuň elektron häsiýetlerini
kesgitleýär eken: dürli nagyşjagazly nanoturbajyklar metallardan-da, ýarym metallardan-da,
ýarym geçirijilerden-de bolup biler. Mysal üçin, köp gatly nanoturbajyklaryň ählisi ýarym
geçirijilerdir. Munuň özi iň uly kompaniýalara, ýagny elektron serişdelerini öndürijilere
radiýoelektronikada “kremniýden soňky eýýam” diýilýäniniň başlanyşynyň çaltlygy hakda
gürrüň etmäge mümkinçilik berýär. Kremniýden (ýarym geçirijili öndürmekde esasy
serişdeden) nanoturbajyklara geçişi 10-15 ýylyň dowamynda tamamlanyp bilmez.
93
Prosessorlary we mikrogurluşlary öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary geçen
asyryň ahyrynda öz önümlerine dahylly nanotilsimatlar barada ilkinji gezek gürrüň edip
ugradylar. Käbir önüm işläp taýýarlaýjylar özleriniň geljekki önümleriniň resmi meýilnamalaryny
hödürläp ugradylar; şol meýilnamalarda bolsa nanoturbajyklar hakda gürrüň edilýär.
2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda öndürijileriň halkara komitetiniň adyndan
International Teshnology Roadmar for semiçonduçtors atly resmi habar çap edildi habarda
kremniýden soňky döwre geçilip ugralandygy barada gürrüň edilýär.
Ýaponiýaly, ýewropaly, Koreýaly Amerikaly hem-de tarwanly öndürijiler ýakyn
wagtlarda täze tilsimata geçmegiň birleşdirilen meýilnamasyny hödürlemegi göz öňünde
tutýarlar.
Adaty şertlerde prosessorlaryň we mikroshemalaryň tutuş konsepsiýasyny täzeçe
guramak üçin 50 ýyl gerek bolardy, emma adamzat şunça wagtlap garaşyp bilýär.
Shemot ehnikanyň täze konsepsiýasyna gyssagara geçişlik kremniý tilsimatynyň
mümkinçilikleriniň eýýäm gutarandygy bilen şertlendirilýär.
Adamzat tarapyndan berilýän habarlardyr maglumatlaryň sany bolsa günsaýyn artýar,
bize bolsa Muruň kanunynda göz öňünde tutulyşy ýaly, hasaplaýjy kuwwatlyklary ösdürmek
zerur. Häzerki döwürde çüý öndürmek boýunça dünýäde iň öňdebaryjy Intel kompaniýasy iň
kiçijik tranzistorlary taýýarlamaga mümkinçilik berýän 65 nanometrlik tilsimaty öndürmekligi
meýilnamalaşdyrýar, ýöne ol entek hakyky manysyndaky nanotilsimatdan örän daş.
Şu günki prosessorlaryň eýýäm milliarddan gowrak tranzoistorlary bar, ýöne
nanogurluşlaryň ilkinji nusgalary bu sany derrew 1000 esse artdyrmaga ukyplydyr. Geljekki
onýyllygyň maksady 1 trilliondan gowrak tranzistorly prosessorlary döretmekden ybaratdyr.
Şeýle prosessoryň öndürijiliginiň Pentium 4-iň görkezijilerine gatnaşygy ilkinji elektron
çyraly EHM-ler bilen deňeşdirilende, “pnýa”-yň öndürüjiligine meňzeşräkdir.
Siziň ÖK-iňizdäki nanoturbajyklar
“Fujistu” firmasy eýýäm nanotilsimatlara esaslanýan kuwwatly prosessorlary
sowadyş üçin ýaramly radiýatorlary hödürledi. Gaty magnit disklerini (winçesterleri)
öndürüji meşhur Segate kompaniýasy nanoturbajyklary ýaglaýjy gat hökmünde ulanmak
arkaly ýazgynyň dykyzlygyny artdyrmagyň tisimatyny patentleşdirdi.
Ýazgynyň we magnit plastinasynyň arasyndaky yşgalaňy kiçeltmek arkaly-daýazynyň
dykyzlygy artdyrylyp bilner. Seagate magnit plastinalaryny nanoturbajyklaryň esasynda
ýukajyk gatlaga bölüp, olary doly baglaşdyrmaklygy teklip edýär. Ýazgynyň iç tarapyndaky
plastina ýörite lazer arkaly gyzdyrylýar. Bu magnit bölejikleriniň durýan ýeriniň takyklygyny
ýokarlandyrmak üçin şeýle edilýär.
Şeýlelikde, tutumy ýüzlerçe we müňlerçe terabaýta barabar bolan maglumatlaryň
amatly we arzan düşýän toplaýjy abzalyny döretmek mümkin diýlip çak edilýär. Amerikanyň
naktero kompaniýasy edil bir aý mundan öň nanotilýematdan peýdalanmak arkaly
kompýuter üçin ýadyň täze görnüşi bilen tanyşdyryldy. Kompaniýa ýadyň bu görnüşini
NRAM – based nanwolatile RAM diýip atlandyrdy. Munuň özi hemişezlik “iýmiti” talap
etmeýän, nanoturbajyklara esaslanýan ýatdan erkin peýdalanmaklygy aňladýar.
Täze çipler adaty fleş-ýat bilen deňeşdirilende diňe bir çeýeligi boýunça däl-de, eýsem
has çalt işleýänligi we berkligi taýdan tapawutlanýar. Täze çipleriň köpçülikleýin önümçiligini
ýola goýmak üçin Nantero Amerikanyň mikroshemalary we ýarym geçirijili gurluşlary öndüriji
LSI LOGIS kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýanyň wekili NRAM-iň ilkinji
senagat nusgalarynyň eýýäm şu ýylyň ahyrynda peýda boljakdygyny belledi.
http://www.vz.ru/society/2006/10/1/50866.html
94
MAZMUNY
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly BERDIMUHAMMEDOWA “Ylmyň gazananlaryny önümçilige
ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň girewidir” atly ylmy
maslahata gatnaşyjylaryň MINNETDARLYK HATY .......................................................... 3
Berdimuhammedow G. Adamlaryň baş saglygy türkmeniň Altyn asyrynyň
binýadydyr ............................................................................................................................. 5
Durdyýewa A., Çaryýewa G., Ataýewa G., Gurbanow H. Bedeniň molekulýar
dartgynlygyny öwrenmekligiň amaly lukmançylykda ähmiýeti ........................................ 14
Halk maslahatynyň çözgütleri we kanunlary durmuşa ornaşýar ....................................... 21
Halow N. Daýhan birleşikleriniň işini kämilleşdirmek barada ........................................ 35
Esen A. Türkmenistanyň suw hojalygynyň ösüş sepgitleri we ileri tutulýan
ugurlary ............................................................................................................................... 41
Mämmedow G. Gowaçanyň hasyllygynyň seçgä we tohumçylyga baglylygy ................ 46
Söýünow O., Taýlakow N. Pestisidleri we nitrat dökünlerini ulanmaklygy
kadalaşdyrmaklygyň ugurlary ............................................................................................. 53
Täşliýew M.Ş., Ragimowa D.S., Sibirýow Wl.S., Çaryýewa A.O. Köpetdag
etek epiniň we bokurdak monoklinalynyň gündogarynda ýura çökündileriniň
litologiki aýratynlyklary we galyňlyklary .......................................................................... 59
Bekmämmedow H.G., Kadyrow Ş.U. Haýalladylan kokslaşma desgada zähmeti
goramak çärelerine goşant .................................................................................................. 70
Nurmuhammedow A. Türkmen diliniň uzyn e:, ä: çekimlileri we olaryň taryhy
ösüşi barada ........................................................................................................................ 79
Täze sahypa ........................................................................................................................ 86
Akademik W.W.Bartoldyň “Orta Aziýanyň taryhyndan aýratyn derwaýys meseleler
boýunça işler” atly eserler ýygynydysynyň “Yslam ensiklopediýasyndan” makalalar”
bölümi (II tom, 2-nji bölüm. Taryhy şahslar hakynda) .................................................... 88
Internet ulgamlaryndan alnan gyzykly maglumatlar .......................................................... 92
95
CONTENTS
Berdimuhammedov G. Healthy nation is the basis for the Golden age of the
turkmen people ..................................................................................................................... 5
Durdyyeva A., Charyyeva G., Atayeva G., Kurbanov Kh. Molecular tension of
organism and significance of its study for practical medicine ......................................... 14
Khalov N. On improvimg activity of Daikhan associations ............................................ 35
Esen A. Stages of development of water economy of Turkmenistan and its
perspectives ......................................................................................................................... 41
Mammedov K. Influence of selection and seed-growing upon the cotton crop
capacity ............................................................................................................................... 46
Soyunov O., Taylakov N. Ways of optimization of pesticides and nitrate fertilizers
application ........................................................................................................................... 53
Tashliyev M.Sh., Ragimova D.S., Sibiryev Wl.S., Charyyeva A.O. Lithological
features and thicknesses of the Jurassic deposits on the east of Bokurdak monocline
and Kopetdag foredeep ...................................................................................................... 59
Bekmammedov Kh.G., Kadyrov Sh.U. On the problem of improving of work
conditions at delayed coking plant .................................................................................... 70
Nurmuhammedov A. Long e: ä: vowels and their historical development in the
turkmen language ............................................................................................................... 79
СОДЕРЖАНИЕ
Бердымухаммедов Г. Здоровье населения – основа основ Золотого века
туркмен ................................................................................................................................ 5
Дурдыева А., Чарыева Г., Атаева Г., Курбанов Х. Молекулярная
напряжённость организма и значение изучения этого вопроса в практической
медицине ............................................................................................................................ 14
Халов Н. Вопросы совершенствования деятельности дайханских
объединений ...................................................................................................................... 35
Эсен А. Этапы развития и перспективы водного хозяйства Туркменистана ........... 41
Маммедов К. Влияние селекции и семеноводства на урожайность
хлопчатника ....................................................................................................................... 46
Союнов О., Тайлаков Н. Пути оптимизации применения пестицидов и
нитратных удобрений ....................................................................................................... 53
Ташлиев М.Ш., Рагимова Д.С., Сибирёв Вл.С., Чарыева А.О. Литологические
особенности и мощности юрских отложений востока Бокурдакской
моноклинали и Предкопетдагского прогиба ................................................................. 59
Бекмаммедов Х.Г., Кадыров Ш.У. К вопросу улучшения условий труда на
установке замедленного коксования ............................................................................... 70
Нурмухаммедов А. О долгих гласных e:, ä: и их историческом развитии в
туркменском языке ........................................................................................................... 79
96
“Türkmenistanda ylym we tehnika” žurnaly syn berilýän ylmy
makalalary çap edýär.
Журнал “Наука и техника в Туркменистане” печатает рецинзируемые
научные материалы.
Baş redaktor A.G.Allanurowa
Geňeş toparynyň agzalary:
O.Musaýew, P.Esenow, N.Durdyýew,
J.Nepesow, J.J.Ataýew, O.M.Posmanow,
N.Nurgeldiýew, G.Mezilow.
Jogapkär redaktor J.Nepesow
Эygnamaga berildi 03.03.2007. Зap etmдge rugsat edildi 24.04.2007. A – 29517. Цlзegi 70Ч1081/16.
Gazet kagyzy. Kompýuter ýygymy. Tekiz çap ediliş usuly. Şertli çap listi 8,05. Hasabat-neşir listi
8,131. Sany 585. Neşir №7. Sargyt №60.
Ýylda 6 gezek neşir edilýär.
YTÝG-yň “Ylym” neşirýaty.
744000, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köçesi, 15.
YTÝG-yň çaphanasy.
744000, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köçesi, 15.
Žurnalyň çap edilişiniň hiline çaphana jogap berýär.
© “Ylym” neşirýaty.
© “Türkmenistanda ylym we tehnika”, 2007.

Benzer belgeler