bız näme üçın iadaiarys?

Transkript

bız näme üçın iadaiarys?
BIZ NÄME ÜÇIN ÝADAÝARYS?
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 10 Sentýabr 2012 01:00
Salam! Men ilki bilen size şeýle mümkinçiligi döredeniňiz üçin köp SAGBOLSUN aýdýaryn. Meni näme ü
Saýtyň okyjysy.
Biziň köpümize uzak wagt gurşap alýan dowamly ýadawlylyk we kuwwatly güýjüň ýetmezçilik
duýgusy diýseň tanyş ýagdaýdyr. Ýadawlylyk duýgusy hatda ir çagy hem bizden gidenok.
Göräýmäge gijeki ukudan soň bedenimiz dynç alyp, biz kuwwatlanan batareýjikler ýaly
bolaýmaly welin, tersine, bedenimizi basmarlap barýan gowşaklyk bizi meýilleşdiren
işlerimizden daşlaşdyryp, göwnüiçökgünlige getirýär. Aslynda görüp otursaň, seýrek halatlarda
ýadawlylyk fiziki işleriň ýa-da dartgynly geçen iş gününiň netijesi bolup bilýändir.
Biz näme üçin ýadawlylyga sezewar bolýarkak?
1. Siziň bedeniňize uglewod ýetmezçilik edýär
Bedeniň kuwwatlylygyny üpjün ediji "ýangyç" bolan glukoza, esasan glewodlardan
emele gelýändir.
Ak çörek, şokolad ýa-da başga konditer önümleri ýaly ýönekeý uglewodlar kabul edilende,
ganyňyzdaky süýjüniň derejesi birden ýokarlanyp, soňundan çalt aşak düşýändir.
1/6
BIZ NÄME ÜÇIN ÝADAÝARYS?
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 10 Sentýabr 2012 01:00
Günüň dowamynda wagtynda iýmitlenmezlik hem şunuň ýaly ýagdaýa getirip biler. Bedeniňiz
ýeterlik uglewod almasa, alyş-çalyş ýagdaýlary peselip, biz "ýarym uky" ýagdaýyna
uçrap bileris.
Biziň iýmitimiziň 50%-ni ir-iýmişler, bakja önümleri, däneli önümler ýaly çylşyrymly uglewodlar
düzmelidir. Iýmitlenmelerimiziň arasy bolsa 5 sagatdan uzak bolmaly däldir.
2. Bedeniňiz suwsuzlanma ýagdaýyny başdan geçirýär
Köp halatlarda ýadawlylyk ýagdaýy bedeniň suwsuzlanmagy sebäpli döräp, ýaşaýyş üçin
wajyp suwuň ýetmezçiligi agzalardaky ganyň aýlanşygyny kynlaşdyrýar we bu ýaramaz
duýgynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.
Bedeniňiziň ýeterlik suwy alýandygyny nähili anyklamaly?
Siziň peşewiňiziň reňki bu barada Sizi habardar edip biler. Eger Siziň bedeniňizde suw
ýeterlik bolsa, peşewiňiz dury we açyk sary reňkli bolar.
Ýogsa-da, her günde 1,5 litr we ondan hem köp suw içilende, bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlary
30% ýokarlanýandyr.
3. Sizde ýaşaýyş üçin zerur maddalar ýetmezçilik edýär
Ýadawlylyk duýgusyny magniý mineralynyň ýetmezçiligi hem döredip biler. Öýjükleriň işini
kadalaşdyryp, bedeniň içki kuwwatlylygyny aýawly saklamaga kömek edýän bu mineralyň
dowamly ýadawlylyk ýagdaýlarynda 400 mg golaý mukdaryny kabul etmek maslahat berilýär.
2/6
BIZ NÄME ÜÇIN ÝADAÝARYS?
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 10 Sentýabr 2012 01:00
Magniý ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin maňyzlary, däne önümleri, ýaprakly gök önümleri
kabul etmäge çalşyň.
Alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyryp, gany kislorod bilen baýlaşdyrmaga omega-3 ýaglary
kömek edýär. Olaryň köp mukdary ýagly balykda saklanýandyr.
Bedende demriň ýetmezçiligi netijesinde gan azlylygyň döremegi hem beden agzalaryň
kislorod bilen üpjünçiligini kynlaşdyryp, ýadawlylyk ýagdaýyny döredip biler.
Ýörite derman serişdeleri we eti, däne önümleri kabul etmek bedende demir ýetmezçiligini
aradan aýryp biler.
4. Siz telewizoryň (ýa-da kompýuteriň) öňünde uzak oturýarsyňyz
Alymlaryň barlaglaryna laýyklykda, telewizoryň ýa-da kompýuteriň (eger ýöne Siz öz işleriňiz
bilen meşgul bolmaýan bolsaňyz) öňünde geçirilen bir sagadyňyzyň dowamynda Siz ortaça
144-ädim edip, hereket edip bilerdiňiz. Telewizor we kompýuter bilen gyzyklanma ýürek
urgularyny we bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryny peseldip biler.
Telewizor bilen gyzyklanmany we zerurlyksyz kompýuteri ulanmagy çäklendirmek iň peýdaly
çykalga bolup durýandyr.
Telewizor görýän wagtyňyz bir zada güýmenmäge ýa-da ýönekeýje fiziki maşklary etmäge
çalşyň.
Kompýuteriň öňünde uzak işlemeli bolanyňyzda hem arakesmeler edip, otagda gezmelemäni
ýa-da maşklary ýerine ýetirmäni unutmaň.
3/6
BIZ NÄME ÜÇIN ÝADAÝARYS?
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 10 Sentýabr 2012 01:00
5. Siz bedeniň artykmaç agramlylygyndan ejir çekýärsiňiz
Bedeniň her artykmaç kilogram ölçegi Siziň beden kuwwatlylygyňyzyň bir bölegini alýar.
Artykmaç kilogram sanlary Siziň ýüregiňize uly agram salyp, oňurgaňyzyň, aýaklaryňyzyň
artykmaç "ýüki" göterip gezmegine sebäp bolýar. Eýsem, uzyn gün artykmaç ýüki
göterip ýadaman bolarmy? 6. Siz ýeterlik uklamaýarsyňyz
Süýji ukynyň ýetmezçiligi diňe biziň daşky görkümize täsirini ýetirmän, eýsem, biziň alyş-çalyş
ýagdaýlarymyzy haýalladýan dowamly stress ýagdaýlaryny hem döredip biler.
Eger geçen asyrda adam uklamaga ortaça 8 sagatdan az bolmadyk wagty sarp eden bolsa,
häzir adam 6-6,5 sagat uklaýandyr. Bu ýagdaý gysga wagtyň içinde edilmeli köp işleriň ýüze
çykýanlygy bilen düşündirilip, adamyň ruhy ýagdaýyna ýaramaz täsir edýändir.
7. Siz stress ýagdaýynda ýaşaýarsyňyz
Dünýäniň hemme aladasy bilen ýaşaýan adamlarda peýdaly dynç alyp, ýaşaýyşdan lezzet
almagy başarýan adamlara garanyňda ýadawlylyk ýagdaýy gaty ýygy duş gelýändir.
Adatça öýüň ownuk abatlaýyş işlerini geçirmek ýaly ownuk aladalar, işini ýitirmek, uzak
möhletleýin kredit tölemek ýaly uly aladalar bilen deňeşdirlende dowamly ýadawlylyk
ýagdaýlaryna has ýygy sezewar edýändir.
8. Belki, Siz beden kesellerinden ejir çekýänsiňiz
Galkan şekilli mäziň işiniň peselmegi (gipotireoz) hem dowamly ýadawlylyk ýagdaýyna getirip
4/6
BIZ NÄME ÜÇIN ÝADAÝARYS?
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 10 Sentýabr 2012 01:00
bilýändir. Bu ýagdaý esasan aýallarda (her 10 aýalyň 1-de bu ýagdaý anyklanylýar) köp duş
gelýändir. Galkan şekilli mäzi bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlaryna gözegçilik edip, onuň işiniň
bozulmagy bedeniň ýadawlylygyna, beden agramynyň kadadan köp köpelmegine sebäp bolup
biler.
Eger Siz özüňizde bu mäz bilen bagly kynçylyklary güman edýän bolsaňyz endokrinolog
lukmana ýüz tutmagyňyz hökmandyr.
Dowamly ýadawlylyk ýagdaýyny aşgazan-içege keselleriň hem dowamly ýagdaýlary, süýji
keseli, gan basyşynyň ýokarlanmagy, ýürek ýetmezçiligi, wirusly ýokançlyklar, inçekesel ýaly
beden keselleri hem ýüze çykaryp biler.
Häzirki döwürde ýadawlylyk ýagdaýynyň giňden ýaýrap, bejergisinde kynçylyklaryň
döremegi, bu fiziologiki ýagdaýy dowamly ýadawlylyk sindromy (DÝS) kesel kesgidi bilen
atlandyrmaga esas döretdi.
Bu kesel ösen ýurtlarda has ýygy duş gelýän ýagdaý bolup, ol düşünjäni ilkinji gezek 1988-nji
ýylda ulanyp başladylar.
DÝS-ny ýokarda bellenip geçilişi ýaly, nerw dartgynlylyk ýagdaýynda ýaşamak we işlemek,
ýaramaz sanitar we ekologiki şertleriň döremegi, dowamly keseller döredip biler.
DÝS-my göwnüçökgünlilik, gamgynlylyk, kähalatlarda sebäpsiz gaharlanmak bilen ýüze
çykýandyr. Ýadawlylyk sindromynyň döremegi belli bir geografiki, sosial gelip çykyşa, ýaşa
bagly bolman, bu ýagdaýyň döreme töwekgelçiligi 25-45 ýaş aralygyndaky aýallarda has
ýokarydyr.
ABŞ-da dowamly ýadawlylyk sindromyndan her 100 müň ilatyň içinde 10-a golaý adam ejir
çekýan bolsa, Awstraliýada her 100 müň ilata 37 adam kesgitlenilýändir.
5/6
BIZ NÄME ÜÇIN ÝADAÝARYS?
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 10 Sentýabr 2012 01:00
Fiziologlaryň bellemegine görä, ýadawlylyk ýagdaýy dokumalarda kuwwatlylyk çeşmeleriň
azalyp, alyş-çalyş ahwalatlardan soň galyndy önümleriň ýygnanmagy netijesinde ýüze çykýar.
Bu düşünjä esaslanyp, DÝS-y dokumalardaky biohimiki geçişleri kadalaşdyrýan L-karnitin,
magniý, "B" toparyň witaminleri, immun ulgamyny berkidiji serişdeler
(immunoglobulin) bilen bejermek synanşygy geçirilýär.
Soňky ýyllarda lazer şöhleleriniň pes güýjüni ulanmak bilen hem peýdaly netijeleriň
alynandygy barada maglumatlar bardyr.
Bedeniň dowamly ýadawlylyk ýagdaýyny bejermegiň netijeli usullarynyň köpelmegine
garamazdan, adamyň kadalaşdyrylan gün tertibi, dogry gurnalan iş düzgünleri, stresse getirýän
ýagdaýlaryny özwagtynda aradan aýyrmak, dogry iýmitlenme we tebigat bilen ýakyn
gatnaşykda bolmak ýaly öňüni alyş çäreleri alyp barmagyň zerurlygy ikuçsuzdyr. Hormat bilen, saýtyň lukmany.
6/6

Benzer belgeler

ıçege iokançlyklary

ıçege iokançlyklary "Syýahatçylaryň iç geçmesi" diýip, öz hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgeden ýagdaýynda, günde üç we ondan hem kän gezek bolýan içiň geçme ýagdaýyna düşünilýär. Bu alamatlar syýahatçyda ýerli ...

Detaylı

öpüşmegıň peidasy we zyiany

öpüşmegıň peidasy we zyiany Alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyryp, gany kislorod bilen baýlaşdyrmaga  omega-3 ýaglary kömek edýär. Olaryň köp mukdary ýagly balykda saklanýandyr.

Detaylı

erkeklerde klımakterıia döwrı

erkeklerde klımakterıia döwrı toplanmagy, kähalatlarda süýt mäzleriniň ulalmagy (ginekomastiýa) şol alamatlara degişli bolup biler.

Detaylı