Newsletter Issue 5 - turkmen.pub
Transkript
Newsletter Issue 5 - turkmen.pub
For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE Nowruz aýy, 2007 ý. ÝUNISEF-iň wekiliniň aýdan sözi 5-nji neşir Bilim – bu bir başsütündir! Habarnamanyň şu sanynda Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär. 2 Çagalaryň diri dogulmagy barasyndaky täze kesgitlemäniň Türkmenistanyň çäginde girizilmegi 3 ÝUNISEF bilim ulgamynda amala aşyryljak üýtgedip gurmalary guwanç bilen garşylaýar 3 Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasy 4 Gyzykly wakalar • Türkmenistanda bilim almak hemme derejelerde mugtdyr. • 2002-nji ýyldan bäri Türkmenistan ysmaz keselçiliginden azat diýlen derejesini saklamagy başardy. • 2004-nji ýylda Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda duzyň ähliumumy ýodlaşdyrylmagyny gazanan ilkinji döwlet boldy. • 2005-nji ýyldan bäri çaga zähmeti barasynda ýurtda kabul edilen kanun esasynda çagalar yň pagta meýdanlarynda işlemegi gadagan edilýär. • Türkmenistan ynsan hukuklary barasyndaky halkara şertnamalaryň ýedisine we beýleki ylalaşyklardyr hukuk resminamalara gol çekip, agza boldy. • 2005-nji ýylda Türkmenistan ýurtda Çaga hukugy barasyndaky konwensiýanyň (CRC) we zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşleriniň ýok edilmegi barasyndaky konwensiýanyň (CEDAW) durmuşa geçirlişi barasynda ilkinji hasabatlaryny tabşyrdy. Türkmenistanyň hökümeti olara degişlilikde degerli guramalardan jemleýji netijeleri aldy. Men şu pursatdan peýdalanyp, jenap Berdymuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanaylmagy bilen gutlamak isleýärin we saýlaw möwsümi döwründe we ondan soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Prezident tarapyndan bilimiň gaýry goýulmasyz ähmiýete eýedigi barasynda aýdylmagy meni begendirdi. Şeýle hem soňky hepdeleriň içinde Türkmenistan hökümetinden bilim ulgamynda üýtgedip gurmalar geçirmage uly isleginiň bardygy barasyndaky oňyn habarlar ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilçiligini höweslendirdi we geçirilmeli şol üýtgedip gurmalara degişlilikde goldaw işlerini alyp barmaga biz eýýäm taýarlyk görýäris. Bilim ulgamynda üýtgedip gurmalary geçirmek aňsat iş diýen hyýaly oý-pikirlere biz eýermeli däldiris. Esasy bilimiň indi dokuz ýyllykdan on ýyllyga geçirilmegi, täze bilim meýilnamalaryň gözden geçirlip, taslamalarynyň taýarlanylmagy, okuw kitaplarynyň we beýleki bilim serişdeleriniň işlenilip düzülmegi, şeýle hem ýaşlaryň köprägi üçin okuwlaryny daşary ýurtlarda dowam etdirip, tamamlamak mümkinçilikleriniň açylmagy ähli okuwçylar üçin internetiň elýeterli edilmegi- bularyň hemmesi köp tagalla edip, işlemegi hem köpsanly gyzyklanma bildiren taraplaryň has ýaýbaňlandyrlan hyzmatdaşlykda bolmagyny talap edýär. Şeýle diýmek bilen, ÝUNISEF-iň Türkmenistan hökümeti bilen ýurtda bilimiň hilini gowylandyrmak ugrynda ençeme ýyllaryň dowamynda gowy işler edenligini belläp geçmek gerek. Mysal getirsek, onda Türkmenistanyň bilim ministrligi bilen ÝUNISEFiň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlykly tagalla- larynyň netijesinde geçen şu aýyň içinde Aşgabadyň mugallymçylyk kolledjinden 20 mugallymyň çagalara hoş niýetli mekdepler meselesine degişli geçirlen tälim beriji okuwa gatnaşandyklary munyň bir mysaly bolup biler. Türkmenistanda eýýäm hoşniýetli mekdepleriň 20 bar, indi bolsa biz Türkmenistanyň hemme çagalarynyň şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp, hezil edip öwrenmegiň adaty bir düzgüne öwrülen mekdeplere gatnamagyny üpjün eder yaly bu maksatnamanyň ýaýbaňlandyrlyp, mundan beýläk hem uly depginde durmuşa geçirilmegini gazanmaly. Şeýle hem geçirilýän Köp görkezijili toparlaýyn sorag-jogap işiň (MIKS) netijeleri şu habarnamamyzyň geljekki sanynda siziň dykgatyňyza ýetirler diýip biz umyt edýäris. ÝUNISEF tarapyndan şular ýaly iş dýnýä ýurtlarynyň 50 gowragynda alnyp baryldy. Onuň görkezijileri bilime, saglyga we iýmitlenme yagdaýyna, hem-de suw üpjünçilik we arassaçylyga degişli. Şu işiň netijeleriniň mümkin boldugyça giňişleýin çap edilmegi örän möhümdir , çünki diňe şeýle edilende, ýurduň hökümetine we gyzyklanma bildirýän beýleki taraplara çagalaryň we zenanlaryň durmuşlaryny gowylandyrmagy maksat edinýän çäreleri meýilleşdirmekde ýardam edip bolýar. ÝUNISEF-iň wekili Mahbub Şarif Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär ÝUNISEF özüniň 60 ýaş çäginde bir topar care geçirdi. 60 ýaş ýyldönümine degişli geçirlen çäreler barasynda köpräk maglumaty şu habarnamanyň 2-nji sahypasyndan okap bilersiňiz. For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND Çagalar üçin birleşiň: ÝUNISEF özüniň 60 ýaş ýyldönümini belleýär ýatlaýar. Şeýle hem sergide goýlan şekiller çaganyň ölmän galmagy, ösüşi, goralşy we gatnaşygy meselelere degişli ulgamda ÝUNISEF bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky 15 ýyllyk hyzmatdaşlygy suratlandyrýar. (1-nji sahypanyň dowamy) Çagalaryň hukuklary barasynda ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy bilen hyzmatdaşlykda geçiren tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşligi ÝUNISEF-iň ýyl dönümi bilen bagly dabaranyň çäginde geçirlen çäreleriň ilkinjisi boldy. Şol tegelek stoluň daşynda özleriniň bilime, saglyga, goragly bolmaga we gatnaşmaga bolan hakhukuklary barasyndaky söhbetdeşlige gatnaşmak üçin dürli-dürli gelip çykyşy bolan çagalar jemlendiler. Özara işjeň gatnaşygy höweslendirmäge niýetlenen ýumuşlar we oýunlar arkaly çagalar ÝUNISEF-iň dünýä möçberinde amala aşyrýan işleri dogrusynda bilimlerini artdyrdylar we öz hak-hukuklarynyň goralmagyna nähili ýetip biljekdigi barasynda öwrendiler. ÝUNISEF-iň taryhyna we ösüş onýyllyklaryna hem ÝUNISEF bilen Türkmenistan hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanylyp 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 5-nde açylan, Türkmenistanyň Milli saz we drama teatrynda bir müň çemesi myhmany üýşüren foto sergi şeýle dabaraly seneleriň biri boldy. Şol foto sergi ÝUNISEF-iň 60 ýaş ýyldönümine bagyşlanmak bilen onýyllyklar arkaly halkara derejesinde çagalara kömek etmek işiniň II-nji Jahan urşundan bäri neneňsi ýol alandygyny Surat sergisinden soň Türkmenistanyň Milli saz we drama teatrynda çagalar tarapyndan taýarlanan ajaýyp konserte tomaşa edildi. Ýaş skripkaçylar ansamblynyň, horuň, tans toparlarynyň we ayry-ayry aýdymçylaryň , şol sanda çagalaryň çykyşy, bir müň çemesi tomaşaçylarda, , ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Klassiki sazdan populyar saza, jazdan folklýora çenli öz içine alýan dürli çykyşlar çagalaryň bile jem biolanda neneňsi güýçli bolýandygyny görkezdi. Şol konsertiň açylyş dabarasynda söz sözlän, Türkmenistanyň medeniýet, tele we radio gepleşikleriniň ministriniň orunbasary Myrat Orazow şeýle diýdi: “ Çagalar gaznasy ÝUNISEF ýaly dünýä belli edara bilen işleşmek bize berilen uly artykmaçlykdyr”. “Öňümizdäki ýyllarda biziň ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlygymyz barha ýaýbaňlanar we çagalar üçin oňyn netijeler berer diýen umydymyz bar” diýip, jenap Orazow sözüniň üstüne goşdy. 1946-njy ýylda adatdan daşary ýagday meseleleri boýunça gurama hökmünde döredilen ÝUNISEF uruş sebäpli heläkçilige uçran Ýewropany we Hytaýy azyk harytlary, süýt we egin-eşik bilen üpjün etdi. Döräli bäri geçen alty onýyllygyň dowamynda ÝUNISEF adatdan daşary ýagdaýa degişli gaznadan ýer ýüzüniň çagalaryň hak- hukuklaryny gorap çykyş edýän we çagalaryň isleglerini kanagatlandyrýan ösüş guramasyna öwrüldi. serişdelerini çap etmek hem-de çagalaryň hak-hukuklary barasynda bilim düşünjäni, habarlylygy artdyrmak maksady bilen çagalar, eneatalar, hökümet wezipesindäki hyzmatdaşlar üçin çäreler geçirmek bilen geçirdiler. “ Çagalar ýurdumyzyň iň uly baýlygy bolup durýar, we Türkmenistan öz raýatlary üçin iň gowy geljek bilen üpjün etmegi kepil geçýän bolsa, onda ol ilki bilen çagalarynyň gowy bilimli, terbiýeli, sagdyn we goragly bolmagyny üpjün etmeli”, ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili geçirlen dabarada sözlän sözünde belläp geçdi. Şeüle hem ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilçiligi edaranyň ýyldögümini welaýat derejesindäki mekdeplere we hassahanalara hem-de ýerli häkimliklere sapar bilen baryp, ÝUNISEF-iň taryhy we amala aşyrýan işleri barasynda çykyşlar edip we çaganyň hukuklary barasynda çagalaryň bilimini artdyrmaklyga bagyşlanan çäreler geçirip, bellediler. ÝUNISEFiň hökümet derejesindäki hyzmatdaşlary bilen tegelek stoluň daşynda geçiren söhbetdeşligi ÝUNISEF-iň 60 ýaş ýyldönümine bagyşlanyp geçirlen dabaraly çäreleriň jemleýjisi boldy. ÝUNISEF özüniň ýyldönümini bütin ýer togalagynyň çäginde çagalar meselelerine degişli dürli möwsümleri gurnamak, şeýle hem esasy neşir Sahypa 2 ÝUNISEF TÜRKMENISTANDA HEREKETDE For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND SAGLYK: Türkmenistan çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerini girizýär Geçen ýylyň Sanjar aýynda Türkmenistan hökümeti çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesinde ykrar edilen ülňülerini kabul etdi. Şu ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-nden Türkmenistanyň lukmançylyk edaralary Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemelerini ulanyp başlady we şol kesgitlemeleriň durmuşa geçirlişine gözegçilik etmek üçin ýörite iş topary döredildi. Çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäni kabul etmek bilen Türkmenistan hökümeti çagalaryň ýaşamaga we ölmän galmaga bolan hukugynyň berjaý edilmegi ugrunda tagalla etjekdigini subut edýär. Türkmenistanyň şeýle kakar gelenliginden ugur alyp, merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerini durmuşa geçirýärler we bu ugurda tagalla etjekdigine söz berýärler. Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerine geçmek öňki Sowet döwriniň muňa degişli tekliplerinden bir ädim tesmegi aňladýar we öňler düşük boldy, ýa-da öli dogdy diýlip hasap edilen bäbekleriň diri galyp ýaşamagyna bir mümkinçilik bolar. Şeýle hem Türkmenistan hökümetiniň şeýle çözgüdi täze dogan bäbekleriň ideginiň gowylandyrmak - lygyna, ölmän galmagyna we kömek edilmegine we mundane beýläk hem çaga we ene ölüminiň azalmagyna, galyberse-de Ösüşiň müňýyllyk maksatlaryna üstünlikli ýetmeklige tarap gönükdirlen uly tagalladyr. Türkmenistanyň Dünýä Saglyk Guramasy tarapyndan teklip edilen çaganyň diri dogulmagyna degişli kesgitlemäniň halkara derejesindäki ülňülerine geçmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy bolan ÝUNISEF –iň , Dünýä Saglyk Guramasynyň (DSG), Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasynyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Edarasy ÝUSAID-iň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kesellere Gözegçilik etmek we öňüni almak merkeziniň (KGM) başlangyçlary tarapyndan goldanylýar. BILIM: ÝUNISEF Tükmenistanyň bilim ulgamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän üýtgedip gurmalary begenç bilen garşy alýar Tükmenistanyň bilim ulgamynda gelejekde geçirilmegi mümkin bolup durian üýtgedip gurmalar çagalaryň has gowy durmuşda ýaşamagyna ýurduň bolsa gülläp ösmegine mümkinçilik berýär. ÝUNISEF-iň Tükmenistandaky wekilçiligi ÝUNESKO-nyň Tähranda ýerleşýän sebitdäki dört döwletine degişli klaster edarasy bilen bilelikde bilim ulgamynda üýtgedip gurmalar (reformalar) geçirmek barasynda berilýän sözleri oňlap, garşy alýarlar. Geçirilmegi garaşylýan üýtgedip gurmalaryň hatarynda esasy bilimiň indi dokuz ýyllykdan on ýyllyga geçirilmegi, ähli okuwçylar üçin internetiň elýeterli edilmegi, şeýle hem ýaşlaryň köprägi üçin okuwlaryny daşary ýurtlarda dowam etdirip, tamamlamak mümkinçilikleriniň açylmagy girýär. Şeýle üýtgedip gurmalary dessine başlamak barasynda edilýän wadalar Türkmenistanyň çagalary üçin , şeýle hem geljekki nesiller üçin bir giden täze mümkinçilikler açýar. Teklip edilýän refor5-nji neşir malaryň netijeli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň bilim ulgamynyň halkara derejedäki bilim ülňülerine goşulmagyna ýol açar; Türkmenistanyň mekdepleriniň berýän orta bilim şahadatnamalaryna halkara derejesinde sarpa goýular we Türkmen okuwçylaryna daşary ýurtdaky maksatnamalardan peýdalanmagy aňsatlaşdyrar. Ýokary bilim ulgamynyň hem çaginde geçiriljek uly üýtgedip gurmalar, şol sanda bäş ýyllyk okuw maksatnamalarynyň girizilmegi, Türkmenistanda alynan ýokary bilim diplomlarynyň halkara derejesinde giňden ykrar edilmegine kepil bolar. Çagalaryň aňry baş derejeli bähbitlerini gorap çykyş etmek maksady bilen, Türkmenistan birnäçe halkara şertnamalary Kabul etdi. Bilim bolsa şular ýaly ylalaşyklaryň çägindäki borçnamalaryň üstünlikli berjay edilmeginde esasy sütünleriň biri bolup durýar. Bilim halkara ülňülere laýyk getirmek maksady bilen geçirilýän aýry-aýry çäreleriň arasynda mekdep meýilnamalarydyr- maksatnamalaryny kämilleşdirmek durýar. Bu bolsa mugallymlary taýarlamak işine has köp maýagoýumlaryň edilmegini we çagalara degişli meseleleriň we çaga hukuklarynyň mekdep maksatnamalarynyň aýrylmaz bir bölegi hasaplanmagyny talap edýär. Türkmen çagalarynyň häzirki zaman öwrenme we bilim alma guraldyr- abzallarynyň hemmesinden peýdalanmaga mümkinçilikleri bolar ýaly, olaryň ählisi üçin Internet hyzmatlarynyň el ýeterli edilip goýulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Edil öňler bolşy ýaly ÝUNISEF we ÝUNESKO Türkmenistanyň bilim ulgamynyň hemme derejelerinde berilýän bilimiň hiliniň gowylandyrmak ugrunda edýän tagallalaryna goldaw bermegini dowam eder. Geçirilmegi garaşylýan üýtgedip gurmalar çagalar üçin edilýän maýa goýumlaryň artdyrylmagyna hoşniýetli mümkinçilik döredýär. Türkmenistan hökümeti, ÝUNISEF, ÝUNESKO we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk goýberilýän maddy serişdeleriň diňe Türkmenistanly çagalaryň ýagty geljegi üçin sarp ediljekdigini kepil geçip bilerler. Sahypa 3 For every child Health, Education, Equality, Protection ADVANCE HUMANITY UNITED NATIONS CHILDREN’S FUND Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasy: Çagalara kömek etmek maksady bilen zenanlara köpräk ygtyýarlyklar bermeli Jyns nukdaý nazaryndan (gender) kemsitmeleri ýok etmek we zenanlara has köpräk ygtyýarlyklar bermek çagalaryň ölmän diri galmagyna we olaryň durmuş ýagdaýlarynyň gowylanmagyna uly we oňyn täsirini ýetirip biler diýlip ÝUNISEF-iň dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda taýarlan täze hasabatynda nygtalýar. laryň, şeýle hem gender esasynda amala aşyrylýan zulumçylygyň öňüni almak çäreleri hem goşulmaly. Gender taýdan deňligiň “goşa bähbidi” bolmak bilen, ol zenanlar hem çagalar üçin peýdaly bolar. Mundan başga-da ol maşgalalaryň , jemgyýetçilikleriň we halklaryň saglygy we ösmegi üçin esasy zatdyr, diýlip Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasynda aýdylýar. ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji müdiri Änn M. Winmän “Gender taýdan deňlik we çagalaryň gowy durmuş ýagdaýda bolmagy özara berk baglydyr. Eger-de zenanlara doly we öndürijilikli durmuşda ýaşamak üçin gerek bolan ygtyýarlyklar berilende, çagalar we maşgalalar gülläp ösýär.” diýip nygtady. Şu h a s a b a t resminamasyna laýyklykda aýallaryň esasy çözgütlere ýetirýän täsiri aýallaryň ýaşaýyşlaryny gowylaşdyrýar we çagalaryň maddy durmuş ýagdaýyna we ösüşine oňyn täsir edýär. Dünýä çagalarynyň ýagdaýy Kanunçylyk kwotalary: kwotalar aýallaryň ýurduň syýasy durmuşyna gatnaşdyrylmagyny kepil geçýänlikde subut edilen usulýetdir. Parlamentiniň hatarynda aýallaryň sany köp bolan ýurtlaryň 20sinden diňe 17-nde kwotalaryň haýsy-da bolsa bir görnüşi ulanylýar. dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasynda gender taýdan deňlige ýetmek üçin geçirilmeli işleriň ýedisi agzalyar: Bilim: esasy çäreleriň arasynda mekdep töleglerine degişli düzgünnamalary ýatyrmak we ene-atalary we jemgyýetçilikleri gyzlaryň okuwyna maýa goýumlar etmäge höweslendirmek. Maliýeleşdirmek: Gender taýdan deňlige we zenanlaryň ygtyýarlyklarynyň artdyrylmagyna degişli maksada ýetmek üçin gerek bolan serişdeler ýeterlik derejede ykrar edilmedi. Gender taýdan kemsidilmeleriň ýok edilmegine gerek bolan maýa goýumlar döwlet býüjet serişdelerine we meýilnamalaryna goşulmalydyr. Kanunçylyk: Eýeçilik kanunyna we mirasçylyk hak-hukuklaryna degişli döwlet kanunçylygy aýallary hem nazarda tutýan derejede bolup, sol sanda maşgalalarda ýüz berýän zulumçylyk- Zenanlar zenanlara has köp ygtyýarlar berýär: mümkinçilikleri pes bolan aýallaryň deňlik we has köp ygtyýarly edilmegi ugrundaky hereketi netijelidir we bu çäreler syýasaty döretmegiň aşaky basgançaklarynda geçirlip bilner, çünki diňe şol basgançakda maksatnamalar düzülende zenanlaryň we çagalaryň islegleri hem nazarda tutulyp bilner. Erkekleri we oglanlary goşmak: gender taýdan deňliligiň bähbitlerinden ugur alyp, erkekleri we oglanlary, şeýle hem zenanlary we gyzlary bilimli etmek, şeýle hem kararlaryň bilelikde alynmagy hyzmatdaşlygyň has berk görnüşiniň döräp ösmegine alyp barar. Kämilleşen gözegçilik we maglumat: has gowy hilli maglumat we seljeriş işleri , hususanda ene ölümine, aýallara garşy zulumçylykly hereketem bilime, iş üpjünçiligine, aýlyklara, nölegsiz işlere we wagytdan peýdalanmaklyga hem syýasapa gatnaşmaklyga gezek gelende, örän möhümdir. Dünýä çagalarynyň ýagdaýy dogrusynda 2007-nji ýylyň hasabat resminamasyna degişli maglumaty internetiň http://www.unicef.org/sowc07 sahypasyndan alyp bilersiňiz Soraglaryňyz, tekl ipleriňiz, ýada ba şga bellikleriňiz bar bolsa, siz ÝUNISE F-i ň Türkmenistandaky wekilçiliginiň aragatnaşyklar bölümine ýüz tutup bilersiňiz ÝUNISEF Galkynyş köç., 40 jaýy, Aşgabat 744013 Türkmenistan Telefon: +99312 425681/82/85/86 Faks +99312 420830 Email: [email protected] http://www.unicef.org/turkmenistan