KEPJEBAŞ

Transkript

KEPJEBAŞ
Ak Welsapar
KEPJEBAŞ
Roman
STOCKHOLM 2002
Ak Welsapar. Kepjebaş: roman. – Stockholm, 2005. – 385 s.
AK WELSAPAR, türkmen ýazyjysy, Sweden Ýazyjylar guramasynyñ agzasy. Eserlerini türkmen, rus we şwed dillerinde
ýazýar.
”Kepjebaş” – awtoryñ onunjy kitabydyr.
Romandaky wakalar garaşsyz ýurtda ýaýbañlanýar, kitabyñ
gahrymanlary-da garaşsyz topragyñ adamlary. Ýöne ýurduñ
bütin durkunda, onuñ dolandyrylyşynda, adamlaryñ özara gatnaşyklarynda, olaryñ özlerini alyp baryşlarynda ýykylan imperiýanyñ gorkunç keşbi ör-boýuna galýar. Kitaby okanyñda
döwlen aýnanyñ gyýçaklarynda öz ýüzüñi synlan ýaly bolýarsyñ.
Romanyñ baş gahrymany – adam sypatyna giren okumyş ýylan,
Kepjebaş. Onuñ garşydaşy – kommunistik partiýanyñ merkezi
komitetiniñ milli respublikadaky ozalky 1-nji sekretary, dikme,
ýumuş oglany, bu günki gün – jenap ýoldaş Prezident, çäklendirilmedik häkimiýetiñ eýesi…
©Ak Welsapar
ISBN 91-974397-0-3
”Gün” neşirýaty
STOCKHOLM, 2002
2
Huwwa, körpe, huwlanar,
Suwda balyk köwlener.
Balyk diýip tutanmyz,
Ýylan bolup, towlanar...
Hüwdi
BIRINJI BÖLÜM
1. Anna agşamy
Anna agşamy gonamçylygyñ ýanyndan geçenden Kakabaý Garasöýmeze arkasy bilen gara daş çekeni has ynjalykly, onda-da ol janyny gul-gula salmasa oñanok; ýogsam ýandakdyr-gyzgana, gamyşdyr-hyşa basyrylyp, diñşirgenip ýatan geriş-geriş köne tümmekleri
görende, her gezek injikleri tibirdäp, ýasy mañlaýynyñ epinlerine
gara der inýär. Gonamçylygyñ hem gara güýçleriñ öñündäki bu düşnüksiz howsalany bu illerde entek beýnisi bekemedik çagalar ýaş
başyndan ene süýdi bilen bile emýärler, onsoñ ony dep edip biljek
güýç ymmatda ýok, niçeme döwürden bäri onuñ arkaba-arka geçip
gelýänini aýdyp biljek-de...
Kim bilýär haçandygyny, ýöne ir wagtlarda, entek adamlaryñ
gaýraty häzirkisinden has känkä bu ýurtda çola obalaryñ birinde
gijäniñ ýarynda gyzgyn jedel tutaşypdyr. Ganygyzgyn adamlar saçak
başynda biri birinden batyr gürrüñ edipdirler. Içinde biri has-da batyrlyk satypdyr: ”Men edil şu ýerden ýeke özüm öwlüýä baryp gelerin!” diýip, ol töweregindäkilere gözlerini alardypdyr. Oturanlar
onuñ gözsüz-batyrlygyndan heder edip, ilki çökder haýalçyrapdyrlar,
soñra-da özlerine gelip, onuñ eline gol boýy aksaplyny tutdurypdyrlar: ”Şuny gonamçylygyñ ortasyndaky köne gabra dikip gaýtsañ,
erkekdigiñi bileli!”
Beýle töwekgellige bu illerde özünden özge döwtalabyñ tapylmajagyna gözi ýetik dyzmaç kişi oturanlaryñ üstaşyry ”ha-ha-haýlap”
gülüpdir-de, gözedürtme gijelikde gös-göni gonamçylyga garşy gidipdir. Elbetde, oba bilen gabrystanyñ tapawudy uly, garañkynyñ
içinde birki gezek köne tümmege büdränsoñ bady haýallap, injigi
buza dönen kişiniñ ýolugra batyrlygyndan kän egsilipdir, ýöne onda3
da yzyna gaýtman, ol tekepbirlik bilen öñe gidipdir. Diýlen ýere
ýetende welin, gabra göni seretmäge bogny ysman, pyçagy gaty
tümmegiñ gerşine ýüzugra sanjyp, yzyna öwrülmekçi bolupdyr.
Muny halamadyk ýaly köne gabyr birdenkä onuñ donunyñ synyndan
çalyp tutupdyr. Şol ýerde-de oba batyrynyñ takga jany çykypdyr.
Uzyn gijäni oña biderek garaşyp geçiren ülpetleri dañ atyp, töwerek
ýagtylanda, sürrekleşip gonamçylyga gidipdirler. Baryp görseler, ile
belli garadangaýtmaz kişi köne gabry bagyrtlap ölüp ýatanmyş. Golboýy aksaply-da, donunyñ synyndan mazara boýa-boý dikilgi
diýýär...
Bu hekaýata ynanan ynanar, ynanmadygyñ öz işi. Ýöne bu illerde
gabrystanlygyñ üstünden ýoly düşen hergiz Tañrynyñ Güni batmanka ol ýerden garasyny saýlamak bilen. Çarwa obasynda oturýan Kakabaý Garasöýmezi ol adamlara goşsañ-da boljak, goşmasañ-da,
onuñ bolşy tapawutly: öwlüýäden gorkýanyny-da bilip bolanok,
gorkmaýanyny-da, ýöne küýli ýaly gonamçylygyñ töwereginde sümsünip ýörmesini welin goýanok. Belki, onuñ ”Garasöýmez” lakamyny almagynyñ düýp sebäbi-de şundadyr? Adamlar bilen ümmüldeşmesi ýok, ömür ýeke. Ýogsam nä, öwlüýä bilen ysnyşanyñam, heý,
jemende bilen hüýi alşarmy?
Onuñ atasynyn ady – Gara, öz gümbaşlygy, iliñ toýuna-ýasyna
görünmeýänligi üçin-de yzyna “söýmez” lakamyny ýabşyrypdyrlar
welin, edil ýöne jüpüne düşüp duruberipdir – bagra ýapyşan dalagyñ
barda! Ana, Kakabaý Garasöýmez, iliñ tersine, her anna agşamy
Gyzganly öwlüýäniñ ýanyndan geçýär; islese-de geçýär, islemesede; dogrusy, ol nämedir bir zady üýtgetjek bolýana-da meñzänok,
hamana bolmalysy şeýle ýaly, biwagt-näwagt diýmän, öz yrsgalyny
iliñ üýşenýän ýerinden agtaryp ýör. Ýogsam, Gyzganlynyñ deñesinden ýolunyñ ömür biwagt düşmesi onuñ özüne geñ dälmidir? Ýöne
bu ýerde nähilidir bir alaçsyzlyk bar bolmagy-da ahmal: içiñi ýakaýyn diýen ýaly, bu ýerden ol, nätse-de, şondan irem geçip bilenok,
gijem – hergiz agşam uçuryna galýar. Içden-daşdan aýak ýygnanyp,
dünýä syrly imi-salalyk aralaşan wagtyna...
Munuñ oñly gutarmajagyny onuñ özem añman duran däldir, ýöne
obada-da: ”Garasöýmez iru-giç bir bela-beteriñ üstünden barar...”
diýýärdiler. Adamlar hiç haçan bilmän bir zat aýtmazlar. Anna agşamy ölüleriñ öz görlerinden çykyp, töwerege ýaýraýandyklary ba4
radaky gürrüñ oña ynanmazlyk ederden has köne. Anna agşamyna
“öliniñ-diriniñ azat güni” diýilmegi ýöne ýerdenmidir?
Emma olam edil şol ”kelte bazara” üýşülýän güne gabat gelýär.
Kakabaý Garasöýmezem gar ýagsyn, buz doñsun, yrman, oña ýetip
gaýdaýmaly. Onsuz onuñky bolanok. Ýogsam, henize bu güne deñeç
onuñ ”kelte bazardan” sürläp goýun getirenini ýa-da bolmasa, o ýere
sürüli goýun äkidenini gören adam bu töwerekde ýok; onuñ sakgallary döşüne düşüp duran bakgallaryñ hataryna goşulyp, zat satyp oturanyny-da gören ýok. Ýöne gyzan bazarda nyrhy soralmaýan, nähilidir bir düşnüksiz harytlary bahaladyp duranynyñ, käte-de özüniñ
gelene-geçene assyrynlyk bilen şonuñ ýaly bigadyr zatlary satjak
bolup oturanynyñ üstünden baranlar bar. Oña-da ynanan-a ynanýar,
ynanmadygam kibtini gysyp oñaýýar. Obaçylyk. Hany bu zatlaryñ
yzyny derñäp ýören?
Onsoñ ol bazardan gelip, eline bir kesemen çöregi alar-da, eşegine
atlanyp ota gider. Endik-dä. Kän ýylyñ endigi. Gidýän ýerem bäribäri däldir, şo-ol aşaky gumuñ etegi, “itiñ ölen ýeri”. Gidişingaýdyşyn Gyzganly öwlüýäniñ ýanyndan geçmeli. Gidişin-ä ýol –
ýagtylyk, gaýdyşynam – garañkylyk. Maly köpelip, eşegini araba
goşup başlaly bäri-hä ol indi has-da gijä galýar. Onuñ geçýän ýoluny
ýeke geçmek añsat däl, ýöne ýeke gitmejek bolsañ, yzyña ýoldaşlyk
otçy tirkemeli, onam Kakabaý Garasöýmez ömür etjekmi? Iliñ aýagynyñ ýetmeýän, çet, gizlençek ýerindäki haşyrdap ýatan otlugy:
semzegi, peçegi, suwotyny kimdir birine görkezenden, ol janyny gulgula salanyny müñ paý gowy görer. Her gezek bu taýdan biwagt
çagy geçende, janynda jan galanok, ölüp-dirilýär, emma amana-da
geläýenok. Indiki anna agşamy, hamana, hiç zat bolmadyk ýaly,
onuñ ýoly ýene-de Gyzganlynyñ üstünden düşýär. Gyzganlynyñam
ir wagtlardan bäri bu etraplarda gürrüñi ýetik, özem gorkunçdangorkunjy bar. Käbirini dagyn eşideniñde, iniñ tikenekläp gidenini
duýman galýarsyñ, Gün ýaşyp, iñrik garalansoñ, öýden daşaryk aýagyñy sekesiñ gelenok.
Munuñ derdini Kakabaý Garasöýmeziñ özünden bilseñ, owaldan
gulagy gangyn bolany üçin ol dyrnakman gyzganlara basyrynyp
ýatan tümmeklere golaýlanda, edil ysytma tutýan ýaly saññyldaberýär. Ine, häzirem onuñ töwerek-daşy gözedürtme garañkylyk,
iñlär siñek ýok. Bar, ýöne siñek däl, olaryñ niçiksi jandardygy düş5
nüksiz: jürrüldi, çyrryldy, uwwuldy; şagallar miwleýän ýaly, çöpçalamlar şagyrdaşýan ýaly, töwerek-daş şübheli, ýakymsyz seslerden
doly. Hüýt gara gijäniñ içinde garasöýmez Kakabaýyñ iñ ýakyn hossary – çal eşegi. Ol şony gyssaýar:
– Hyh! Hyh! Haram ölmüş!
Eşek diýeniñ onuñ üçin howlugyp durmy? Göwni bir ýaly. Arabany
öñküsinden çaltam çekenok, haýalam, mytdyldap baraýar, eşek näme
adam dälmi? Olam ýadaýar, suwsaýar. Ýamanalgyly ýaly üstüñe
bassalar nätjek basybilen otlaryny! Kakabaý Garasöýmez-dä. Oba
oña belet, çal eşegem. Ýöne oba onuñ otuny çekenok, çal eşek
çekýär; eý, Tañry, çal eşegiñem beýle gara mañlaýlysy boljak ekeni!
Araba otdan mas ýüklengi, üstünde-de Kakabaý Garasöýmez, onuñ
ýeke özem aç eşege ýük: süñkbaşy iri, ýüzi ýasy, çekgeleri somalyşyp çykyşyp duran, gözleri gyýkmakdan dar, eginlek, erinlek, hünni
gara bir kişi; ýapbyldabam ýöreýär, kellesem gyşyn-ýazyn telpekli.
Nämüçin ol hebeşi bolup dogulmandyr, Hudaý bilýär! Onda-da kakasynyñ adynyñ dagyn gabat gelşine seret – Gara. Onuñ asyl häsiýetini añlatmak üçin obadaşlaryna ýekeje söz gerek bolupdyr, olaram
ony tapypdyrlar: aýrara, goşara zat galmandyr. Iliñ ýagşysynaýamanyna ýaramasañ, saña ýogsa başga näme at daksynlar? Onsoñ
onuñ ogullary öýlenip, gyzlary wagtynda äre çykyp bilmän, dulunda
garraşyp otyrlar. Bu öýde edil jadygöýler ýaşaýan ýaly il-gün olaryñ
gapysyny açmaga-da heder edýär. Hamana, haýsydyr bir ýakymsyz
syryñ bardygy öñden belli ýaly...
Ýöne oba onuñ bu geñ gylygyna öwrenişen: eýsem Garasöýmezden
onuñ garasöýmezligini kim gaty görsün? Gaýta duýdansyz ýerden
toýuñ ýa ýasyñ gyrasynda görnäýse, şonda adamlar iñkise gidýärler:
eýgiligemikä? nämüçin geldikä? Ýogsam, düýp-teýkaryna seretseñ,
ol bu ýere ýörüteläp gelendenem däldir, ýoly düşendir-de sowlandyr,
garnyny otarar ýa-da iliń çetinde gonup, bir çäýnek ajy gök çaý içerde turar gider, ne gep bardyr, ne-de – söz.
Kakabaý Garasöýmez agyzdyrygyndan çekip, eşegini saklady. Allowarrada gumak ýoluñ gyrasynda garalyp ýatan gabrystanlyga tiñkesini dikdi. Sägindi. Soñ eşegine haýbat atdy:
– Hyh! – diýdim men saña!
Bu garasöýmez adam hakynda onuñ duldegşir goñşularynyñ içindede, ”men oña belet” diýip, arkaýyn aýdyp biljegi ýok, gürrüñleri
6
üzlem-saplam düşnüksiz. Gatnaşmasalar, duz-emek boluşmasalar
näbilsinler, ”gybat bilen iş bitýärmi? Kakabaý Garasöýmeziñ bolsa
bu zatlar piñine-de däl, iliñ üýşenmesinden onuñ eger-eger müñ
tüýünden birisi-de gymyldaýana meñzänok, ol edil bir möhüm waka
garaşýan ýaly, bütin ömri diñşirgenip ýaşap ýör. Geñem bolsa, munuñ nämäniñ köýüdigini onuñ özi-de anyk bilenok. ”Kelte bazar”
güni ýüzüni çoýun ýaly edip şäher bazaryna gider, ýeriñ pesini
saýlabam, yzyna geler. Ýüp işip satýarmyş diýýärler, nas satýarmyş
diýýärler, ýöne bularyñ bary ”myş-myş”, bu golaýda entek: ”Meni
Kakabaý Garasöýmeziñ nasy tutdy” diýip, jaýyñ çüñküne ýapyşyp
ögäp durany gören ýok, onuñ ýüpünden asylyp öleni-de. Kakabaý
Garasöýmez bir ýagşy iş etse, uly il geñ galjak, ýöne onuñ entek ili
geñ galdyran ýeri ýok.
– Hyh! Hyh! – gamçynyñ ujy şuwlap, eşegiñ türresine degýär. –
Hyh!
Arabanyñ çala-çula ýaglanan tigirleriniñ jygyldysy mör-möjekleriñ
jürrüldisini basýar, şagallaryñkyny basyp bilenok. Olaryñ sesi Gyzganlynyñ içinden çykýar. Näçe gyssansa-da, bu gün Kakabaý Garasöýmez nebsine çolaşyp, beter garañka galdy, eşegi-de mytdyk. Bilmersiñ nämeden, bu gün onuñ howsalasy-da öñküsinden gala, ýüregi
nämedir bir zat syzýan ýaly.
– Hyh! ”Hyh” diýdim men saña, toýnagy gyrkylan!
Bu gün ýolam hemişekisinden garañky. Sagat näçeräk bolup ýörkä?
Diýseñ-diýmeseñ, eşege bir bela bolana meñzeş, öñki eşek däl. Ýassy namazyna deñeç öýe ýetse, galany hiç. Ýetermikä? ”Käşgi namaz
okaýan kişi bolsañ, wagtyñy namaza gabatlar ýaly!” Ol señrigini
ýygryp, burnuny çekdi, edil ýakyn hossaryny gözleýän ýaly gözlerini
çarhlap, garañkylyga ýiti-ýiti seretdi.
– Hyh! – suwly çybyk çal eşegiñ türresinde towusýar. – Hyh, çalajan bigaýrat! Meñ eşegim bolanyñ haçan, beýle bigaýrat bolanyñ
haçan!
Eşek başyny nägilelik bilen yzyna öwürýär. Ikisiniñ nazary çaknyşanda, Kakabaý Garasöýmez çöl-beýewanda gijäniñ içinde öz çal
eşeginiñ gözleriniñ obadakydan has akyllydygyna haýranlar galman
durup bilenok. Ol ýüregine howsala düşüp, bir eşegine, bir-de syrly
dymyp ýatan töwerege seredýär. Mör-möjekler niräk gürüm-jürüm
bolduka? Şagallar hany?
7
Ol eşegarabanyñ üstünde dyzyna galyp, töweregine göz gezdirdi,
emma saýgaran zady bolmady. Şonuñ üçinem halys lapy keç boldy.
– Hyh! Diýmäýin diýsem!
Çaman eşege çybyk neýlesin, onuñ öñki bolşy, gaýta hötjetligi
artýar. Çagşan arabanyñ jygyldysy gijäni byçgylaýar. Töwerek tüm
garañky. Onda-munda jandar ýogam däl, jürrüldi-çyrryldy çykmanam duranok, çykýar, ýöne ugursyz. Töwerek nämedir bir zada garaşýar. Kakabaý Garasöýmez gañrylyp, sähelçe salym mundan öñ ot
ýygan garañky uzaklygyna galpyldap seredýär: wagtynda göteriläýipdir, ýogsam, ýalym-ýulum edişip, şallaklaşyp ýören jögi şagallar bilen ýüzbe-ýüz bolaýmagy-da ahmal ekeni.
– Hyh! Hyh!
Gyzganly öwlüýä indi öñ ýanynda, gyzgana basyrylyp, garalyp
ýatyr. Kakabaý Garasöýmez bu öwlüýäniñ taryhyny bilýärem, bilenogam, aslynda bu ýerde ”meñki bolsun” diýer ýaly taryham ýok –
bu taýda gaty ir döwürden bäri adam jaýlanypdyr, kän adam. Bir
çaklar Gyzganlynyñ töwereginde küren oba bar ekeni, aşak etegindäki gumdan entek-entegem küýze döwükleri çykyp dur. Ýarym asyr
mundan öñ egni gaýyş güpjekli, syrty sapançaly gyzyl komissarlar
gelip, bu ýerden adamlary öñlerine salyp, bagtly ýaşatmaga äkidipdirler, soñam yzyna getirmegi ýatdan çykarypdyrlar. Hötjetlik edip,
gitmedikleriñ süñkleri heniz-henizlerem çägäni ýel tozatsa, gumuñ
aşagyndan saralyşyp çykyşyp dur. Çakyr süñkler bagtly ýaşamaga
gidenleriñ üstünden gülýäne meñzeş, özleriniñem düşen güni, ine.
Her zat etseñem, indi bu töwereklerde oba görjek gümanyñ ýok, gaz
uçup, garga gonan ýer, baýguşlaryñ mekany, syrly künjek. Gyzganlynyñ ýeri şeýle beýik ýerden saýlanypdyr, ol gapdalyndan geçýänleriñ üstüne abanyp dur. Ýol gyradaky gyzganlar ýokardan üstüñe
eglişip, ýykylyşyp ýatyrlar, ahmal bolsañ, ýüzüñden penjesini urjak,
hasam gije-girim.
– Bedibagt!
Degýän çybygyñ badynyñ gowşaklygyndan eşek öwlüýäniñ deñesine ýetendigini bildi, ol hatda burnuny arçap, eýesiniñ dyzmaçlygynyñ kemsiz gowşanyna heşelle kakyp, üýtgeşik bir lezzet bilen mytdyldady. Kakabaý Garasöýmez bolsa, bu wagt gözlerini elek-çelek
edip, ýoluñ iki gyrasynam synlap ýetişjek bolýardy. Onuñ pikiriçe,
8
näme howp abansa, gapdalyndan abanmalydy: bir ýany-ha ölüleriñ
mekany, beýlesem – jeññel.
– Hyh, eýesiz galan!
Ýöwsellese-de, Kakabaý Garasöýmez Gyzganlynyñ deñesinden
biwagt geçmekden boýun gaçyrmaýan ýeke-täk adam. Bu ýolda entek biwagt çak onuñ bilen iki gezek gabatlaşan ýok. Muny ilem
bilýär, özem. Ondan üýşenýänleriniñ bir sebäbi şu dälmi näme?
– Hyh! Hyh!
Gyzganlynyñ içinden ep-esli saýlanyp, kä ýerde-kä ýerde kelte diñ
ýaly bolşup oturan çogmak-çogmak hyşalara Kakabaý Garasöýmez
uzak seredip bilmedi. Töweregine ýaltaklamasyny goýup, gözüni
garañkynyñ içinde çalaja akjaryp ýatan kirşenli gumsalt ýola dikdi,
çybygyny galgatdy, ätiýaçdan şaldyrynam gapdalynda taýynlap
goýdy. Galpyldamakdan ýaña eşegarabany özi arkasyna alyp barýan
ýaly ýadap lüti çykyberende, Gyzganlynyñam soñy göründi, şonda
ol uludan bir demini aldy. Emma eýesine ýañy arkaýynlyk aralaşaýan wagty birdenkä eşegi tebil tapyndy. Ol arabanyñ arşlarynyñ
arasyndan çykjak bolup, ikibaka urnup ugrady, burnuny parryldatdy.
Üsti otdan mas ýüklengi araba ýaýkyldady. Şobarmana-da eşek ýöremesini bes edip, kürtdürdi. Kakabaý Garasöýmez ýañadandan galpyldap başlan göwresine zordan erk edip, gumak ýola tiñkesini dikdi.
Görsene muny! Gumak ýoluñ orruk ortasynda ap-akja guzy ýatyr!
”Eý-ho! – allaneneñsi bolan Kakabaý Garasöýmez sazanaklap, bir
dem eglendi. – Bu näme boldugy? Gijäñ içinde ýoluñ üstünde guzy
ýatyr-la!” Onuñ gözleri hanasyndan çykara gezek geldi. Öñe sürjekmi ýa-da yza? Yza bolanda, niräk? Ol taýdan ýañy dälmi gaýdanyñ?
Ýa başga ýol barmy? Ýok, öñe sürmeseñ, gidere ýeriñ ýok. Kakabaý
Garasöýmez öñe ümzük atyp, ýoluñ üstünde ýatan akja guzyny
içgin-içgin synlady, gözlerini batman ýaly ýumruklary bilen gazaply
owkalady. Ýok, gözüne görnenok, öñünde hakyt guzy ýatyr! Tüýüniñ dagyn buýrajadygyny, edil el bilen towlanan ýaly, töweregine
ýalkym saçyp ýatsa nädersiñ! Akja guzyny ýene bir gezek işdämen
synlansoñ, onuñ howsalasy egsilen ýaly boldy.
– Hyh! Hyh!
Eşek öñe ätmekden geçen, gaýta bulanyp, urnup, sypjak bolýar,
oñarsa, arabadan boşanyp, ýazzyny berjek. Özi bilen bir perdeden
gopmaýany üçin Kakabaý Garasöýmeziñ eşegine erbet gahary geldi,
9
şonuñ üçinem suwly çybygyñ deregine bu gezek çaman eşek şaldyryñ tagamyny dadyp görmeli boldy.
– Hyh, bedibagt!
Şobarmana-da guzujyk ýatan ýerinden süýkdürip, naýynjar mäledi:
”mä-ä-ää!”
Kakabaý Garasöýmeziñ şübhesi onsoñ hasam azaldy, ol töweregine, arabanyñ tigriniñ aşaklaryna siñe-siñe seredip, ýañyrak geçen
goýun sürüsiniñ yzyny gözledi, göwnüne bolmasa, gumak ýoluñ
üstünde aýagyzam, çör-çömürem bar ýaly boluberdi: ”mää-ää!..”
Kakabaý Garasöýmez arkasynda garalyp ýatan öwlüýä gorky bilen
garanjaklap, arabadan syrylyp düşdi. Göwnüne bir az salym geñeşenden soñra, aýaklarynyñ gurşugyny ýazyşdyryp, üsgürinjiredi,
gorkaragada öñe ýöredi. Guzujygyñ üstüne abanyp, ony ýene bir
gezek içgin synlady: ”Beýle-de bir akja guzujyk bolar oguşýa! Häzir
alyp gitmeseñ, jahan ýagtyldygy garbykdyrarlar, munuñ ýaly guzynyñ ýoluñ üstünde uzak ýatjak gümany barmy? Gije-de gelewersinler-de, alawersinler!” Guzynyñ içiñden geçip barýan düşbüje gözlerine gözleri düşende az-kem ýaýdanjak ýaly etse-de, nebsine boýun
sunup, Kakabaý Garasöýmez ony gujagyna aldy, getirip, arabanyñ
üstünde, gapdaljygynda ýatyrdy.
– Hyh! Hyh, haram ölmüş! Indi bir ýöre gatyrak!
Eý görmüş, şondan soñ eşegiñ gidişi göz-görtele çaltlandy, ol edil
gerşine ýagy münen ýaly dazanaklady gidiberdi. Kakabaý Garasöýmeziñ welin, keýpi göterildi: ”Görsen-e muny, asyl bu gün ýüregi
bir zat syzan ýaly-da etdi-le, begenjek ýeri bar eken-dä! ”Hudaý
berse guluna, getirip goýar ýoluna!” Ol bir elinde eşegiñ uýanyny,
beýleki elinde tal çybygyny galgadyp barşyna tasdan aýdyma-da
hiñlenipdi. Eger Kakabaý Garasöýmez eneden doglup, aýdym aýdyp
görenliginde, şuş-şu wagt aýtmalydy, emma ol ýekeje aýdym hem
bilenokdy, şonuñ üçinem bökdendi, bokurdagyndan ýogyndan tagaşyksyz ses çykaryp oñdy. Oña derek ol gapdalynda birgeñsi bolup
ýuwaşja ýatan akja guzujygyñ buýraja tüýüni sypalaşdyryp hezil
etdi: ”Baý, munuñ tüýüniñ enaýyjadygyny, aýaña-da bildirip dur!
Ýatakda durup köpeläýse-hä, gyzylly hum tapana dönderer. Munuñ
kimin ýoldan-yzdan tapylan mal köpelekgerem bolar! Ýogsa-da,
bujagaz erkejikmikä ýa-da urkaçymyka?”
10
Bu pikir bilen ol eýýämden özüne tiñkesini dikip ýatan guzujygyñ
satanynyñ arasyny sermeledi. Kakabaý Garasöýmeziñ eli ujydyna
degende, guzujyk ilki bir hikirdejek ýaly etdi-de, soñra ýerinden
turup, onuñ gözleriniñ içine seredip, sorag berdi:
– Daýy, özüñkiçe barmy?
Kakabaý Garasöýmez ilki öz gulaklaryna ynanman, hamana edil
adam bilen gepleşýän ýaly ýanyndaka samsyklaç sorag berdi:
– Näme diýdiñ? Haný gaýtala!
Ol kimdir biri özüni oýnajak bolýandyr öýtdi, töweregine ýaltaklady. Emma guzujyk aýratyn bir göwniýetmezçilik bilen ernini gyşardyp, her sözüni bihaýa hetjikläp, onuñ üstüne herreldi:
– Näme gulagyñ kermi? Özüñkiçe barmy diýýän?!
Golaýynda adam ýokdugyny, gürrüñdeşiniñ guzudygyny anyklan
Kakabaý Garasöýmeziñ gözleri tes-tegelek bolup, huşy başyndan
uçdy, dili tutuldy, depe saçy syh-syh dikeldi. Hatda onuñ gytyk telpeginiñ tüýleri-de herekete geldi. Tasdanam ol oturan ýerinden diñ
arkan gaýdypdy, arabanyñ gyrasyndan ýapyşyp, zordan saklandy.
Şol wagtam, göwnüne bolmasa, onuñ arkasynda, garañka gaplanyp
ýatan Gyzganlynyñ içinde aýylganç bir gümmürdi gopdy. Guzujyk
bolsa, gulaklaryny şapyrdadyp gürre silkindi-de, has ýakyna gelip,
ne öli, ne diri, sandyraklap, gözleri hanasyndan çykara gezek gelen
Garasöýmeziñ bykynyna dözümli oýkanjyrap, arassa adam dilinde
ýene-de:
– Daýy, senden soraýan, özüñkiçe barmy? – diýip, añrybaş
utançsyzlyk bilen dikanlady. Onuñ gözleriniñ içine gözlerini dikdi. –
Gulagyñ kermi, daýy? Men saña diýýän!
Guzynyñ gözleri adamyñka şeýle bir meñzeşdi welin, onuñ buz
ýaly garaklaryndan ýaña Kakabaý Garasöýmez “hybbaýlap”, üşüdip
başlady. Munuñ tersine, guzy barha ekezlenmek bilendi, ol süýkenjiräp, işigaýdan ýolagçynyñ bir eýlesine, bir-de beýlesine geçýärdi.
Onuñ bilenem oñman, sowuk, öl temegini onuñ ýüzüne degrip, gyzgyn demini saldy. Soñra gyllygyny sarkdyryp, edil gulagynyñ
düýbünde hoññuldady. Belki, şonuñ üçindir onuñ sesi-de bu gezek
has ýogyn, has gyryljyk çykdy:
– Daýy, men saña özüñkiçe barmy diýdim?
Kakabaý Garasöýmez janhowluna guzyny arabadan depip goýberdi-de, eşegini saýgylady:
11
– Hy-yh! Hyh, aç ölmüş! Hy-y-y!..
Özüne çensiz zor salmakdan ýaña ysgyny gaçyp, bokurdagy gyrlan
ýolagçynyñ sesinden soñabaka diñe jagyrdy bilen hyrkyldy galdy. Ol
soñky deminde oba aşdy. Bu agşam wagtynda uklamadyklar gijäniñ
ýaryndan soñ obanyñ çetinden giren şakyrdyny hem gyrlan bokurdagyñ ýakymsyz owazyny diñlediler. Çyrasyz oturan obanyñ üstünden
inen bu ses iniñi düýrükdirijidi.
Akja guzujyk şol gije yzyndan galman, Kakabaý Garasöýmezi
Çarwa obasynyñ gyrasyna deñeç kowalap gelenmiş. Muny
onuñ hut öz agzyndan eşidenem bar diýýärler, ýöne onuñ kimdigini bilýän ýok. Bir zat anyk, bu wakadan soñ onuñ köpçüligiñ üýşen ýerinde görünmesi düýbünden kesildi. Obadaşlary
ondan öñküden-de beter eýmendiler, ýüzünde adam ruhunyñ
galmandygyny syzyp, gözi çaknyşan derrew ýolundan sowuldy. Adamlar: ”Bu ýöne ýerden boljak zat däl, añrysynda hökman bir gizlin syr ýatandyr – diýişdiler. – Bizi synap görýän
Tañrymyka ýa-da onuñ ýerdäki kölegesiniñ hut özümikä?..”
12
2. Öweziñ ölümi
Öwez synagdan çekinmezdi, onuñ üçin gije-de, gündiz-de des-deñdi,
ne ýadamany bilýär, ne-de ýaltanmany. Gündiz çekimde pagta guradyp, guranyny ulaga ýükläp, baza ugratsa, gijelerine bu taýda galyp,
garawulçylyk çekerdi; dogrusy, ol öýleneli – öýüne myhmandy. Bergiñ başyñdan agdyk bolsa, dagy nätjek? Onuñ eklenji obadan uzakda, gowaçaly meýdanda, ýatyp-turýan ýeri-de – çekim. Çekimiñ
nämedigini bilmeýänler-de bardyr, ýöne ol ýerde Öweziñ kellesi
alyndy. Onsoñ onuñ nähili ýerdigi şondan belli dälmi nä?
Indi köneki sözleriñ köpüsi bilnenok, ony diñe gojalar bilýärler,
olaram kowçum-kowçumdan ýurduny täzeleýär. Diri gezip ýörenleri-de bir töwra adamlar, çekimiñ nämedigini ýa bilmezler, bilseler-de
açyk pyşgyrmazlar. Içinde aýtjaklary-da ýok däldir, ýöne olary tapmarsyñ. Ýogsam köpüsiniñ ömri ozal çekime bagly bolandyr, emma
ony ýatlamak islemezler, gözlerinde gorky galandyr. Çekimde her
kes bir zadyny ýitirýär: kimse ynamyny, kimse ynsabyny, kimse-de
özüni. Öwez o taýda öz kellesini ýitirdi...
Köne döwürde obada iki sözüñ biri “çekimdi”, şonsuz asyl obany
göz öñne getirmegem kyndy, ýogsam çekim gözüñ äginer ýaly
üýtgeşik ýerem däl, ne ýazylyp-ýaýrap oturara gerim bar, ne-de –
bukulara kölege. Alañ-açyk meýdanda eliñ tersine salnan pagsa tam
eýsem başga nähili bolsun? Gepiñ keltesi, daýhanlaryñ gündiz ýygan
pagtasyny agşamlyk gapanda çekdirýän ýerine ”çekim” diýilýär,
wessalam!
Samanly palçyk bilen suwalan takyr aýmançada güýz aýlarynda
owuz ýaly ak pagta sergi bolup ýatandyr. Uzyn gün ýygan pagtalaryny getirip çekdirip tabşyrarlar-da, halys aýagyndan aran pagtaçylar
garañky gatlyşansoñ, eşekli ýa-da pyýada bu ýerden aýaklaryny
süýräp, garalaryny saýlarlar. Elbetde, çekim erbet görülýän ýer däl,
ýöne ol taýda Öweziñ kellesini aldylar.
Çekimde brigadir oturýar, onuñ ýanynda dostlary bolýar, olaryñam
her haýsynyñ adyna bir bahana bilen pul ýazylýar, ýöne iş edýän olar
däl, ata-baba gara zähmete göýügen iki-üç adamyny ”ýükçi eşek”
edip saklaýarlar, galanlary san, gürrüñçi. Çekim ýürekgysgynç ýer,
13
töwerek-daşy gowaça, köne ýaplar, hyşadyr-gamyş, onsoñ ol taýda
gije-girim kelläñi alsalar, geñ görmeli däl. Öweziñkem şeýle boldy.
Bir gün irden işe baranlarynda, adamlar Öweziñ kellesiniñ telejka
pagta ýüklenýän oýuñ içinde togarlanyp ýatandygyny gördüler. Bu
işi eden kim? Nämüçin? Belli däl. Açylan jenaýat işi-de tiz ýapyldy.
Gümürtik. Çünki uç-derek ýok: ýalñyz şaýat Şaly, onuñam tanapyna
odun goýmak kyn. Ol: ”Gije ýanyndan gaýdamda, Öwez diridi”
diýýär. Ir bilen baranda-da eýýäm kellesi ýok ekeni, alypdyrlar. Ony
kim bilenok?
Çekimiñ bir çeti hökman basdyrma bilen gutarýar. Ol ýagyş ýaganda gerek. Ýagyş ýagsa, serilgi pagtany ýabak bilen derrew basdyrmanyñ aşagyna üýşürýärler. Gün çykdygam, çekimçiler ony derrew
ýene takyrjak ýerde serýärler. Guranyny traktoryñ tirkegine ýükläp,
pagta bazasyna äkidýärler. Basdyrmanyñ bir çetinde ýekeje-ikije
otag bolýar, olaryñ biri brigadire çaý-nahar edinmek üçin, beýlekisem – garawulyñky. Öweziñem goşy şondady, ýöne nämüçindir
onuñ kellesi tirkege pagta ýüklenýän çukurdan çykdy, şol düşnüksiz.
Obadan alysda hem indegsiz jaý bolany üçin çekimler aglaba ”Eýeli” bolýar. Adamlar şeýle diýýärler. Adatça, çekimiñ gapdalynda
ýerleşýän çagalar bakjasy-da ”Eýeli” bolýar, gijesine garalyp ýatan
bu yşnaksyz tamlarda jyn-arwah ýaşaýar diýärler; biwagt-näwagt
onuñ golaýyndan ýoly düşeniñ gözüne garañky bakjanyñ aýnasyndan bir-de ot görünýär, bir-de gykylyk-galmagal ýa-da hümürdi eşidilýär. Onsoñ bakjadanam, çekimdenem gorkulýar. Henize deñeç
çekimiñ ýanyndaky ulaga pagta ýüklenýän çukurdan gorkmalydyr
öýdülenokdy, ýöne Öweziñ kellesi şonuñ içinde ýatan ekeni.
Ölmezinden bir hepde öñ Öwez brigadiriñ ýanyna baryp şeýle
diýdi:
– Geldi aga, meni bu ýerden işden boşadyñ, boşatmasañyz boljak
däl.
– Näme boldy? – Geldi aga haýran galman sorady.
– Maña: ”Gaýdyp dagy-duwara gije bu taýda ýatma!” diýdiler.
– Kim diýdi?
Öwez perişan halda eginlerini gysdy.
– Kimdigini näbileýin, gara geýimli adam. Ýarygijeden soñ geldi.
Geldi aga entek haýalçyramady.
14
– Heý kimdigini soramadyñmy? Niräñ adamsy, haýsy obadan?
Ogurlyga gelen-ä däldir-dä? Pagta berkje boluñ. Aşaky birgatlañ
birinden öñki agşam pagta ogurlanypdyr.
Öwez güne ýanyp çoýuna dönen ýüzünde ýaldyraýan gözlerindäki
gaýgyný gizlejegem bolup durman, başyny ýaýkady.
– Wah, Geldi aga, pagta bilen oñsalar – ne ýagşy, hemmesini alsynlar. Ýöne olar meniñ özüme ekjeşýärler: ”Soñky gezek duýdurýas...”
diýdiler. Nämüçindiginem aýdanoklar. Aýtdylar, ýöne men ony nädip düşündirjegimi bilemok. ”Seniñ bu taýda gazanç etmäge hakyñ
ýok” diýýärler, käşgi gazanç etmeli ỳerini aýtsalar, onam aýdanoklar.
Geldi aga iñkise gitdi.
– Beh, allajanlarym, o näme diýdiklerikä? Dur entek… men nämedir bir zatlary añşyrjak bolýan, ýöne Hudaý bilen hökümede dil ýetirene delalat etmek çetin, onuñ nämeden öljegini bilmek-de… ”Pagtañ hemmesini alsynlar“ diýýäniñ bolsa, barypýatan syýasy ýalñyş,
ogul. Biz seni aýlykly işden derrew boşatmaly bolarys. Görmediñmi,
ulaglymydy olar ýa-da pyýada? Men hemmesini başlyga günübirin
ýetirmeli. Düşnüksiz, bu taýda nähilidir bir syr bar. Döwlet pagta
planynyñ üstüne howp abanýan bolmagy ahmal!
– Men Hudaýa-da, hökümede-de dil ýetiremok.
– Onda sen nämeden gorkýarsyñ? Belki, geljek-de dil ýetirjeksiñ?..
Öwez aşak bakdy, çoýun reñkli ýüzi gaýgydan ýaña gögümtik öwüsdi.
– Men-ä, Geldi aga, size aýtjagymam bilemok, aýtmajagymam...
– Hä, näme? Aýt, näme iñkisiñ bar bolsa. Daýhanyñ öz içinde syr
saklamaga haky ýokdur; şu birgadyñ territoriýasynda ýeriñ aşagynda
ýylan gäwüşese-de, men hökman biläýmeli; bilmelem – başlyga-da
ýetirmeli, başlygam Býuro, Býuro-da – ýokaryk... – brigadir onuñ
ýüzüne ynjalyksyz talapkär göz bilen seretdi. – Işçi-daýhanyñ hökümetden aýry syry bolmaz, içi aýna ýaly görnüp durmalydyr, düşnüklimi!
Öweziñ sesi güñleç çykdy:
– Irden turup, yz çaljak boldum... üh-he-e...
– Hawwa, küh-he... on… kuhhe…soñ?
– Ol gelip gideniñ aýagyzy ýok...
Brigadir dowamly üsgürdi, tolgunmakdan bokurdagy gyrlyp, esli
wagt gepläp bilmedi:
15
– Beh... – diýip oñdy.
Öwez ýüzüni sowdy. Brigadir kesesinden synlanda, onuñ gözlerinde hiç haçan daşky dünýä urup çykmajak tükeniksiz gözýaşy gördi;
haýp, erkek adama aglamak bolanok, ýogsam daýhanlaryñ gözýaşy,
gör, niçeme suwy tygşytlardy, onda, belki beýik Azyýa kontinentiniñ
pagta meýdanlaryny suwarmak-da gerek bolmazdy; onsoñ bokurdagy guran Jeýhun derýa-da, takyrap barýan beýik deñiz-de ardurja
ölümden gutulardylar.
Geldi brigadir bu pikirlerini özüne goýup, daşyndan şeýle diýdi:
– Bu çekim ”Eýelidir” gümanymyz öñdenem ýok däldi, ýöne beýle
zatlara garaşmandyk. Meniñ saglyk ýagdaýymyñ duýdansyz erbetleşmegi ahmal, çünki hemme zat düşnüksiz. Jenap ýoldaş Prezidentiñ
bizi aşaklykdan synap görýän bolmagy-da...
– Bilemok... – Öwez gussaly hüñürdedi. – Bolup biler…
– Hany, göreli, başlyk näme diýýär. Başlyk bilen geñeşeýin, ýeriñe
adam tapaly. Ýene birki gije gaýrat et, onýança, bellisi bolar. Ýöne
diliñe bek bol!
Öwez ”bolýar” diýmäge-de, ”ýok” diýmäge-de ýaramady, halka
aşak çöküp, gum siñen irimçik saçlaryny penjeledi. Kesesinden synlasañ, ol öz kellesini iñ soñky gezek tutup oturan ýalydy. Soñ onuñ
yhlas bilen gujaklan kellesi häzirki oturan ýeriniñ beýle ýanyndan
tapyldy. Brigadiriñ geñeşi uzaga çekmänliginde, belki, beýle bolmasa-da bolmazdy, ýöne ol aşa haýal deprendi, onsoñ Öwez ardurja
kellesiz galdy. Aslynda brigadiriñ geñeşi uzaga çekenem däldir, belki, ol çekimde irde-giçde gopaýmaly, ýöne hiç kesiñ belli bes garaşmadyk wakasynyñ başdan ineni üçin ýüregedüşgünç uzak bolup
görnendir? Öwezden özgeler ony duýdumyka beri?
Şol agşam gije ýarymdan agansoñ, öñki gara ýene Öweziñ üstüne
abandy. Öwez ne onuñ ýüzüni görüp bildi, ne boýuny. Görmesine
gördi, ýöne düşünmedi, ol geleniñ ýatda saklar ýaly daş keşbi ýok,
üstesine-de – töwerek göze dürtme garañkylyk.
– Öwez, tur!
– Tur, Öwez!
– Öwez, saña diýýän!
Öwez turjak bolýar, bolanok, yñranjyrap towlanýar, oýanyp bilenok, demigip, ýorganyñ gyrasyndan ýapyşýar.
– Öwez!
16
– Öwez!
– Öwez!
Daşyndaky garalaryñ gürelýändigini Öwez oraşan görüp ýatyr, ony
gara basýar, çabalanýar. Gurşuna dönen gabaklaryny zoraýakdan
galdyryp, üstüne abanyp gelýäniñ ölüniñki ýaly reñk-petsiz ýüzüne
elheder alyp garaýar.
– Sen nämüçin biziñ diýenimizi etmediñ?
Öwez ellerini düşege diräp, ýerinden galjak bolýar.
– Nämäni?
– Näme bor? Bilmediksireme, biz saña: ”Bu taýdan garañy saýla!”
diýmänmidik?
– Meniñ öz halal zähmedim bilen eklenmäge hakym ýokmy? Men
adam dälmi? Meniñ ýazygym nämede?
– Akmak! Bu ilde seniñkiden beter ýazygy nädip tapjak – sen ynjalyksyz uçgun, ruhuñda garşylyk bar. Mundan beter saña merk gerekmi?! Öz gullugyna kaýyl bolmadyk gul…
Öwez onuñ gepiniñ soñuna garşman, gorkudan hem gahardan sandyrap gygyrdy:
– Onda bergilerimi nätmeli? Meniñ ite bir sümek bergim bar! Özüm
ölsem-de, dünýäde bergilem ýaşajak, olar ölmez-ýitmez.
– Nätseñ şeýt! Sen kimiñ ýüregini gozgajak bolýañ? Saña barybir
bergiden dynma ýok. Biziñ mülkümizden çyk!
– Siz kim? – Öwez naýynjar äheñde sorady.
Düşnüksiz gara çakyr güldi.
– Bizmi? Hojaýyn!
– Siz meniñ başyma nireden tapyldyñyz?
– Gul bolsa, aga tapylar! Eýsem nä, sen muny bileñokmydyñ?
– Men özümi bilelim, gara güýjüme daýandym, gara güýjüm bilen
eklendim, kişiñ hakyny iýmedim. Siz nireden meniñ başyma towky
bolup indiñiz? Meni öz erkime goýuñ!
– Sen ”erkim” diýen gepiñi goý, guluñ erki bolmaz! Erkli bolmak –
ar-namysly bolmakdyr…
Öwez ýalpa gözüni açdy. Bu ne hekaýat? Bu peläketler indi onuñ
ar-namysyna-da ekjeşip ugradylarmy? Olar näme diýjek bolýarlar?
Nämäni ýañzydýarlar? Öweziñ ýüregi bulandy, ol düşeginiñ üstünde
dik oturyp, egniniñ üstaşyry arkanlygyna güýjüniñ ýetdiginden
tüýkürip goýberdi: ”Tüf! Diýmäýin diýsem...”
17
Onuñ tüýküligi arkasyndan ýetip gelen Şalynyñ ýüzüne malçyldady.
– Men saña näme etdim? – Şaly haýkyrdy. – Señ niliñ azypdyr!
Nämüçin adamyñ ýüzüne tüýkürýäñ!
– Bagyşla, bilmändirin, bilsem, tüýkürmezdim. Sen gaýrat et-de,
gelýänçäm çekime garawul bol, meniñ öýlük işim bar, ýetip
gaýdaýyn.
Ol jogaba-da garaşman, eşegine mündi-de, tozanlady ötägitdi. Şaly
yzyndan seredip galdy: ”Ýok, garawul boljak däl” diýmäge-de ýetişmedi. Şol gelşine Öwez obanyñ çetinden girdi we dañ bilen kimdir
birine gör gazmaga barýan görman Sapar-ýalañaja duşdy. Ýüregi
üstüne abanyp gelýän erbetligi syzýan dek galagop sorag berdi:
– Kim öldi?
– Enteg-ä ölen ýok – görman tukat seslendi. – Ýöne kimdir biriniñ
öljegi görnüp dur. Men gabyr gazmalydygymy bütin süññüm bilen
syzýan.
– Sen maña gabyr gazmana barýan-a dälsiñ-dä hernä? Soñky günler
ugrum ýok. Üstesine-de her gije gara basýar.
– Sensizem meniñ işim kekirdekden – görman degişdi, – geziber
entejik. Meniñ saña elim degerli däl. Ýöne bolşuñ-a geñ, ýüzüñdegözüñde reñk-pet ýok. Janyñ bir sagmy?
Öwez keýpsiz güldi.
– Ölsem, özümem geñ görjek däl. Ýaşaýyş bilen halys ugrum ýok.
Yzyma gara düşýär.
Sapar-ýalañaç eşegiñ üstünde oturan ýerinden gör gazýan pilini
ýere diräp, oña söýendi.
– Bilýäñmi näme, mollañ ýanyna baryp gaýt, ýüregiñe giñlik berer,
zyýany degesi ýok. Belki, doga-tumar alarsyñ. Jyn-arwahyñ garşysyna şondan başga çäre barmy? Men-ä gün gijigensoñ jaýlamaly
bolsa, ölüleñem boýnuna doga dakýan, bendeleri bara-barmaşa o
dünýäde jynlar bogmasyn diýip.
– Men doga-tumara ynanamok. Ony ýazýanam özümiz ýaly adam.
Olaryñ bizden Hudaýa ýakyn nämesi bar?
– Beý diýme, günä galarsyñ. Biziñ mollamyz ýaly päkize kişini
gündiz eliñ çyraly gözleseñ-de tapmarsyñ: osursa-da gidip, elini ýuwup gelýär…
18
– Ol meni beýdip aldap bilmez. Goý, öñündenem ýuwup geläýsin!
Men asla hiç bir işde araçyny halamok. Araçy halky peýdakeş
bolýar, hergiz üstüne ýükleýär. Hudaý bilen arada-ha asylam adam
gerekdir öýdemok. Peýda görmejek bolsalar, nämüçin arada dursunlar? Rim Papasyndan başlap, tä biziñ şu oba mollamyza çenli hemmesiniñ-de gylygy meñzeş, diñe ellerindäki kitaby aýry. Tañryñ özi
adamlardan zat tamakindir öýdemok, biziñ tapan owlak-guzymyzy
tapmasa, onda hany onuñ gudraty?
Görman Öwezi ömründe birinji gezek görýän dek, onuñ ýüzüne has
ünsli seretdi.
– Görýän welin, degişgenlikde sen mendenem ozdurypsyñ.
Diýmek, saña gabyr gazybermeli. Seni uzak gezdirmeseler gerek… –
degişmä salsa-da, Sapar-ýalañajyñ gülküsi ynamsyz çykdy: – Men
saña şu günüñ özünde öwlüýäden ýer bellärin, arkaýyn bolaý!
– Meniñ entek kelläm egnimde, gyssanma!..
Öwez ”gürrüñ gutardy” diýen manyda eşeginiñ böwrüne depdi.
Şondan soñ ol hiç ýerde eglenmän, öz öýüne geldi. Bu wagt gelni
gapylaryndaky ýekeje sygra ot-suw berip ýördi. Öwez ony kesesinden synlady. Aýalynyñ inçe bili, bir gujak saçy ýüregini gozgady,
onuñ öz gelnini bagryna basasy, onuñ gyzgyn gujagynda hemme
zady, çekimi-de, bergilerini-de, hat-da jynlary-da undasy geldi. Ol
özüniñ bagtly bolmalydygyny, obada iñ görmegeý gyza öýlenendigini ýatlady. Ýöne nämüçin ol bagtly bolup bilenok? Oña gün bermeýänler adam sypatly arwahlarmy ýa-da arwah pisintli adamlar?
Pagta-da, çekim-de bu ýerde diñe bahanadyr, belanyñ körügi başga
zatlarda bolsa gerek? Onuñ birden ýersiz ýere öz gelnine gahary
geldi: gör, äri ölüm bilen arada kösenip ýör, munuñ welin, azarynada däl…”
– Maral, bärik gel!
Ýañy ýorgandan sogrulan ýaş gelin gaşlaryny uçganakladyp ýylgyrdy, ýöne adamsynyñ ýüzüni görende, gujagyndaky ot sygryñ
ahyryndan has bärde ýere gaçdy.
– Näm boldy? Ýüzüñ dagy näteñet, oglan?
Öwez sojap demini aldy, jogap bermän, mal ýatakdan beýledäki
tagta sekä garşy ýöneldi. Baryp, özüni onuñ üstüne goýberdi, gapdalyndaky bedreden saplawyñ dolusy suwy susup aldy-da, bir zarbada
başyna çekdi, öwhüldedi.
19
– Maral, meni jyn-arwahlar günüme goýanok. Her gije gelip, bogup
gidýärler. Erbet zatlary diýip, ýüregimi bulaýarlar. Ol gepleriñ bir
çeti saña-da degýär.
Maralyñ dyzlarynyñ ysgyny gaçdy, sesi endiredi.
– O gyran degenleñ meniñ bilen näme işi barka?
– Men saña aýtmaýynam diýdim, kän wagtlap içime salybam gezdim, ýöne bolmady, bolanok, çydar ýaly däl! – Sygyr ýeter-ýetmez
oklanan ota agzyny urjak bolup dyzyndy, bolmady, onsoñ molap
goýberdi. Muña är-aýal allaneneñsi boldy. Öwez gaharyna bäs gelip
bilmän, gözüni mölerdip duran sygyrdan elindäki saplawy aýlap
saldy. Ol sygryñ ýazzy mañlaýyna degip, özboluşly alýumin ses
edip, ýere gaçdy. Sygyr mön gözlerini höwlendirip, Öweze düşnüksiz öýke bilen garady, myşyldady. – Maral, olar meñ bizar-peteñimi
çykardylar: bir gelip goýmadylar, iki gelip goýmadylar. Men indi
olardan basylýan, öten agşam usurgatman gitmediler. Olar maña ähli
gazanan puluñ haram, eklenjiñ öýüñe siñenok diýibem çykdylar.
Men olañ näme diýjek bolýanyna düşünip bilemok. – Öwez aýalynyñ gözlerine göni seredip bilmän, ýüzüni sowdy. – Olara näme gerekkä, Maral? Heý, sen bir zat añañokmy?
Maralyñ owadan gözleri süzülip, oba belli uzyn-uzyn kirpikleri
ýygjam gyrpyldady. Kellesinde bolsa bu wagt: ”Kakyn-silkin bolandyr bu işigaýdan! Men muña molladan doga-tumar getireýin!”
diýen pikir terslin-oñlyn at çapdy. Onsoñ ol äriniñ öñünde bir çäýnek
gök çaý, ýarty kesemen tamdyr çöregini goýdy-da, özi metjide gitdi.
– Ýok, bu pis gürrüñleriñ obada ýaýramagyna ýol berip bolmaz!
Olaryñ öñüni almaly.
Gidip barşyna, soñky döwürde bu oba gelmesini ýygjamladan Derwüş babany Maral gorky hem ýigrenç bilen ýatlady. Öwezi gara
basýar, bela gelniniñ başynda. Maral indi ol çylkasyz gojadan ýaña
gündüziñ güni-de öýde ýeke galmaga gorkýar. Perişde bolaỳsyn, özi
erkek bolsa – aýala ýagy! Goja derwüş eýýäm näçe gezek öýe gelip
gitdi, her gezegem şol bir okaýan dogasy, yzam nälet bilen gutarýar.
Ony ilki görende: ”Gedaýyñam beýle päkizesi boljak ekeni” diýip,
haýran galyşy, oña öz ýanyndan ”Derwüş baba” diýip at goýşy, ”Biziñem gapymyzdan geliñ!” diýip, ony özüniñ çagyryşy Maralyñ ýadynda. Indi welin ondan gaçyp sypjagyny bilse, syçanyñ hinini müñ
tylla satyn almaga taýyn. Obada şol göründi diýseler, edil ýöne za20
gyrdaberýär, öýde ýeke galmajak bolup çekýän azabyny diý. Ýöne
her gezegem bary biderek, bardy-geldi bäşje minut ýeke galsa, Derwüş baba ylaýyk şol wagt Maralyñ üstüni basýar, hasasyny tyrkyldadyp, añyrdan ýetip gelýändir. Ýogsam, öñ ýanyndan töwerekde ynsjyns ýokdur, emma onuñ garşyñdan çykanyny duýman galarsyñ, ol
bir düzüwli baba däl. Bu zamanda gedaýa puldan başga zat berseñ,
saña gargaýar, çörek berseñ, gapyñdan çykan ýerinde zyñyp gidýär.
Şasy-da, gedasy-da zamanasyna görä. Göräýmäge, Derwüş baba
olardan tapawutlydy, emma onda-da ilki gapysyndan gelende, Maral
ýaýdandy:
– Men size näme bersemkäm...
– Şu dünýäñ zady gursun, getir nämäñ bar bolsa!
Onsoñ Maral garry enesinden görenini edip, onuñ eline ýarty çörek
bilen iki dikeç gant berdi. Derwüş baba eline berleni aldy-da, Maralyñ gözlerine çiñerildi. Gojanyñ gözlerine gözi düşen gelin şol demde arkan serpildi, tasdan gygyrypdy, demikdi. Gaşlaryna deñeç agaran gojanyñ çakgynyñ çüýi ýaly ýiti gözleri bardyr öýdüp, kimiñ
kellesine gelsin? Maral basga düşdi,
Derwüş baba garaşylmadyk gürrüñi gozgady:
– Seniñ adamyñ tekepbir, onda kaýyllyk ýok. Goý, ol biziñ mülkümizden çyksyn, ýogsam gözüñizden ganly ýaş akdyraryn!
Derwüş baba çykyp gidensoñ, Maral gara basmadan oýanan ýaly,
daşaryk ylgady, onuñ sypatyny gündüziñ ýagtysynda görüp galmak
isledi, emma Hudaý bersin Dervüşi: edil zym uçan ýaly! Syr bildirmän, goñşy-golamdan sorag-ideg etdi, uç ýok. Çaga-çuganyñ gözüne
ilenem ýaly, ýöne ulular welin, gaýta: ”Sypaty nähilidi?” diýip, Maralyñ özünden soraýarlar.
Maral bu wakany Öweze aýtmady, Derwüş babany akylyndan azaşan edip goýdy: derwüş bolany haçan, mülkli bolany haçan? Derwüşiñ betbagt kädisinden başga näme baýlygy bolsun? Ol bir döwüm
çörek berene alkyş okap ýörmeli dälmidir? Ýok-la, ol bir aklyndan
azaşan goja, başga hiç kimem däl! Ýöne ol çylkasyz goja soñ ýenede geldi, soñ ýene-de... Maral gorkusyna oña ýene çörek bilen gant
berdi. Goja çöregi aldy-da, tükezzibana tutdy:
– Är gerekmi, ony ýygna! Nä hakyñyz bar kesekiñ mülküne girmäge? Siziñ derdiñizden bize rahatlyk ýokmy? Nämüçin duşmançylyk
edýäñiz?
21
Maralyñ huşy başyndan uçdy, dilden-agyzdan galdy, çirtmege ilen
guş kimin, öýüñ içinde iki ýana urundy.
– Biz nireden size duşman bolupdyrys, tanamasak, bilmesek?!
Bosagany alyp durşuna, Derwüş baba onuñ üstüne süründi:
– Bilmedik bolmañ, kaýyllygyny ýitiren – bize duşmandyr. Mundan
beter ýene merk gerekmi?! Üstesine-de, äriñ biziñ mülkümizi torç
edýär.
Maral içiýangynly güldi.
– Meñ adamym – garawul, ol – hiç kim! Hasap sorajak bolsañyz,
wezipeliñ ýakasyndan tutuñ! Biz ýönekeý adamlar, biziñ bu dünýäde
barymyz-ýogumyz des-deñ, onsoñ nämüçin siz bizden hasap soramaly?
Derwüş baba aljyrajak ýaly etdi, şonuñ üçinem birde igenje, birde
haýbata agram berdi:
– Maña akyl öwrederden başyñyz ýaş. Näme etjegimi özüm gowy
bilýän: kimsi o dünýäde ýanar, kimsi – bu dünýäde!
– Sizem edil daýhanbirleşiginiñ başlygy ýaly – ejizeganym! Bu
ýurduñ hudaýy-da, gedaýy-da, şeýtany-da ejizeganym! Siziñ baryñyz
garybyñ ganyny sorýan gögeýin!
Maral dañ bilen mañlaýyny metjide diredi. Çetki köçedäki gyşyk
külbeden çykan köpbilmiş mükrüm kempire ”salamälik” edip, onuñ
taýagatym añry ýanynda güberilip oturan metjidiñ gapysyny açanda,
ýañy ertir namazyny okan oba mollasy namazlygyñ üstünden-de
düşmändi. Maral aglamjyrap, habaryny berdi. Ony diñlän Rahman
mollanyñ ýüzi aşgara ýatyrylana döndi, ol näme diýjegini bilmän,
ýöne hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady oturdy. Gürlejek bolanda,
bokurdagy gurap, sesi güñleç çykdy:
– Dañ bilen maña gowy habar-a getirmediñiz, gelin. Ol äjit-mäjitler
oba aralaşan bolsalar, maña-da gün bermezler, ozalam ýañy on-onki
ýyllykda dynypdyk olardan, ýene köwlendiler diýsene... Geçen gezek olary Töre ahun bilen bile okap kowupdyk. Amanyñ demine
ýetişenem şol bendedi, olam dünýäden ötdi, indi nätse borka? Ýöne
menem bihal däldirin, hany, gelin, gapa içinden temmäni uruñ-da,
balagy aşak düşüriñ, men bir synanyşyp göreýin!
Maral aljyrady, gorkaragada çermegine elini ýetirdi.
– Haýsyny, molla aga?..
22
Molla başyny galdyrman, kitaba gözlerini degräýjek bolup, burnuna
salyp hüñürdedi:
– Haýsy bolsun: balak – balak bor-da, keýigim...
– Molla aga, men aklygyñyzy getirdim, möhümim şonuñ bilen bitmezmikä?
Molla başyny ýaýkady.
– Onsuz bitýän bolsa, näsini aýdýañyz, bu adamlar ony bitirmejekmi? Siz biziñ ýanymyza ýöne-möne möhüm bilen gelmediñiz, özüñiz
muny gowy bilýäñiz. Biz siziñ teniñizden ol bedasyllary kowmaly,
munuñ işi kyndyr, utanyp-çekinseñiz, özüñize zyýan edersiñiz...
Maral az salym ikirjiñlendi, mollanyñ göwnüne bolmasa, çermege
agram düşen ýaly-da boldy, emma soñra metjidiñ ýürekgysgynç
çygly garañkylygyna göz aýlan ýaş gelin ýüzüni sallady-da, ümsüm
gapa garşy ýöneldi.
– Tañryýalkasyn, eden hyzmatyñyza, molla aga, men ýalñyşyp
gelipdirin, jyn-arwaham gurasyn, menem guraýyn!
– Tañry bendesi, saklanyñ! – Rahman molla oturan ýerinden tesbili
goluny oña garþy uzatdy. – Siz nämäniñ gürrüñini edýäñiz? Biz size
añryñyzdaky ýüpden asylgy, ana, şol içi kitaply balagy düşüriñ
diýdik! Kitap torbamyz ýyrtylansoñ, syçanlardan gaçyryp, ony ýokardan asmaly bolduk. Köne kitaplary agtarmasak, siziñ işiñiz ýöremez. Garrylyk gursun, indi biziñ oturyp-turmamyz gara görgi, hyzmatymyzda gol gowşuryp duran kempirimiz bolmansoñ, añyrdan
gelene – gözi gara-da, nädeli...
Maral Hudaýyñ öýünde eden pikirinden erbet utandy, yzyna öwrülip, aşak oturdy.
– Molla aga, menden aýyp görmäñ, men halys ugrumy ýitirdim,
gaýgy-alada meniñ añkamy aşyrdy. Adamymyñ başyndan inen bela
meni hasam sañsar etdi.
– Görýän, görýän, siziñ ýagdaýyñyz aýdyşyñyzdanam agyr, ýöne
onda-da Hudaýyñ öýünde mollanyñ göwnüni ýykmak külli günädir,
ýagşylyk çykmaly metjitden ýaman gep çykaranyñ jaýy sakar dowzahda bolar!
Maral horkuldap aglady.
– Meniñ günämi ötüñ, gurbany boldugym!
– Elbetde, öteris, biziñ ýüregimiz ýuwkadyr. Biziñ ýanymyzda
naçar maşgalanyñ ötülmejek günäsi bolmaz. Ýeneki gezek ýumuş
23
buýranymyzda, ikirjiñlenip durman, göwnüñize geñeşiñ-de, şoña
görä boluberiñ, şonda Tañry-da, biz-de sizden razy bolarys.
Molla köne balagyñ içinden tozgun kitaby çykaryp, eline aldy-da,
metjidiñ içki tamyna geçip, içinden gulplady. Ol öz tamyndan çykanda, Gün dogup, il örüpdi. Ýöne şunça yhlas etse-de, Maral mollanyñ ýüzünde ýagtylyk alamatyny görmedi.
– Gep diñe çekimde däl... – Rahman molla çürt-kesik etdi: – Siziñ
jaýyñyzda-da olaryñ hilesi bar, görkli maşgalanyñ yzynda hergiz
gara bolýar-da... – molla obanyñ çetinde, çola ýerde otursa-da, obadaky gep-gürrüñlerden habarlydygyny ýañzytdy. – Adam üýşürip,
Hudaýýoly beriñ: aýat-töwir edilse, Allanyñ ady kän tutulsa, gapyñyzdan molla garasa, ol bedähetleriñ halamaýan zadydyr, onsoñ olar
gaçmak bilen bolarlar. Meniñ geñeşimi almajak, öz kelläñize gelenini etjek bolsañyz, onda bilmedim. Entek jyn-arwahlar bilen tutluşyp,
ýeñeni men göremok. Olar birine tiñkesini dikmesin, ýogsam hezil
bermezler. Güýçliniñ gözi birinde äginmesin, äginse – çäräñ bolmaz...
Maral bilniksizden gyzardy. Molla uzyndan uzak aýatlary okaşdyryp, iki sany doga ýazyp, onuñ eline berdi.
– Birini adamyñyz dakynsyn, birini – özüñiz. Şol Derwüş baba
diýýäniñ ýene görnäýse, derrew ”kulhuallany” okañ-da, ýüzärlik
tütediñ, gaçgyny şoldur olañ. Bir düwün sarymsagam asaý gapyñ
ýokarysyndan, zyýany degmez. Ýöne ol indi gelmese gerek, ol seniñ
maña ýüz tutanyñy biler. Şoñ üçinem gaty ägä boluñ, birden ýöne
menem heläk etdiräýmäñ, olar size-de süýkense süýkenýändir welinim, emma hyjuwy mendedir, ýene ekjeşjek bolýandyr, pedernäletler. Işiñizi Alla oñarsyn, omyn, gidiñ indi bu taýdan, eglenmäñ!
Maral metjitden alasarmyk bolup çykyp gaýtdy: ”Molla-da olardan
gorksa, kime arzyñy aýtmaly? Töre ahun dünýäden ötensoñ, bäribärde şundan ylymlysy ýok diýýärler, allaworradan gelibem, şuña
ýykylýarlar. Ýöne, çaky, munuñam güýji ol ganymlaryñkydan asgyn, zagyrdap otyr, sadagasy gitdigim.
Maral iki ýany sygyr lapbyçdan doly uzyndan egrem-bugram köçe
bilen ýöräp barşyna, ýañy ukudan oýanyp, bu dogan güni-de biweç
ýaşyrmaga öñünden taýyn obanyñ tamlaryna nadyllyk bilen seretdi:
”Bu adamlardan ölüp gitseñ-de haraý ýok, baş – başa-da, jan – jana,
24
”kimiñ agyrysy – kimde” diýleni, gaýta mollasyna çenli seniñ gybatyñy etjek...”
Dolanyp gelensoñ, ol adamsyna ýalbardy:
– Gaýt, şol gyran degmişden! Men ýadadym. Gepden-gürrüñden.
Eklenjiñ bir alajy bolar.
Öwez lapykeçlik bilen başyny ýaýkady.
– Meniñ gep bilen-de işim ýok, gürrüñ bilen-de, men bergimi
bilýän. Men bergimi üzmeli. Şu güýz üzerin diýip, lebz etdim. Köpükme-köpük berjek, nä görgüm iliñ gepini çekip.
– Daýhanbirleşiginiñ özünden birki müñ karz dilesek näderkä? Edil
gyssanýan algydarlar bilen-ä üzlüşerdik. – Maral adamsynyñ ýüzüne
naýynjar seretdi.
Öwez başyny ýaýkady.
– Diledim.
– Kimden? – Maral ärine golaý süýşdi. – Kimiñ ýanyna bardyñ?
Aýdañogam-la, oglan, maña?
– Aýdamda, ne peýda? Gulluşyñ öz ýanynyna bardym: ”Bir köpügem ýok, obañ özi bergä batyp otyr” diýdi.
– Bergileri başyny iýmişler! – Maral gargyndy: – Bize galanda
gapyşaýmalymy? Wah, ozalynda garamaýak bolma diýsene!
Öwez ýerinden galdy.
– Molla näme diýdi? ”Alajy tapylar” diýýämi?
– Olardan mollanyñam gorkusy az däl, sen bir gaýt çola ýerden,
kejeleşme. Gara güýç bilen güýjüñ deñ geler öýdýäñmi? Bir belabeteriñ üstünden barmankak, öýden örle. Molla herimize bir doga
berdi. Ätiýaçdan ýene birki sanysyny alyp goýaýmalydy welin, arman aklygym ýetmedi-dä...
Öwez bir meýdan sesini çykarmady, soñra aýalyna garşy süýşdi,
oña elini uzatdy, öz eşigini çykarman, onuñ geýmini sypyrmaga başlady.
– Dur, oglan, dur-a bir, düşege geçeli, näçe günüñ aýraçylygy,
adam şekilli edeli-dä…
– Adam şekilli etmäge wagt ýok, men çekimi idegsiz taşlap
gaýtdym…
Ýerinden turansoñ, ol ýazykli dillendi:
– Maral, heý, öýde bäş-on manat pul ýokmudyr?
25
– Artyp galmyş, ýyl aýak bolmasa, daýhana aýlyk berilýärmi? Tapylar-la, näme etjek?
– Gerek.
Öwez ýolugra oba dükanyndan bir çüýşe arak alyp, ýene çekime
gitdi. Şalynyñ ýerlikli iñirdisini dişini gysyp diñlänsoñ, ol hemişekisi
ýaly, sesini çykarman, uzyn gün öñki işini etdi, hiç kesiñ gürrüñine
goşulmady, derdini agyr iş bilen egisjek boldy. Dymmakdan ýaña
agşama deñeç onuñ agzy porsap gitdi. Iñrik garaldygyça-da, howsalasy artdy. Agşamlyk gapanyñ başynyñ jemendesi sowlup, çekimdäkiler işini gutaryp, ýeke-ýekeden bu ýerden gidenlerinde, Öwez olaryñ hersiniñ yzyndan hossaryny ugradýan ýaly delmuryp seredip
galdy. Has soñrak ol gugaryp galan çekimde giçden soñ ýanyna sowuljak Şala garaşdy: ”Gelermikä? Göreniñ Şalydyr, ýüpüniñ üstünde
odun goýup bolasy ýok, ýöne bu ýere indi şondan başga geljek kim
bar?”
Şol wagt tümi gödek böwsüp, traktoryñ sesi çykdy. Ýekesiremekden dagdy bolan Öweziñ gulagyna ol ses ýakymly saz bolup degdi.
Ol gyzyl oduñ ýalnyna dişlerini akjardyp ýylgyrdy. Beýlesinde saklanan traktordan düşüp gelýän Şaly agyr işini gutaranyñ keýpinde
dillendi:
– Tüm-aý seniñ bu taýyñ!
Öweziñ-de agyr ýüki azda-kände ýeñläne döndi.
– Gümürdi bolsa, tüm diýjek däl-le! – üstüne abanýan howpuñ
öñünden gaçmagy ýüregine düwen Öwez hozanak bolup, Şala hyzmat etdi. – Hany, eliñi ýuw-da, geç saçagyñ başyna! Men agşamlygymy iýmän, saña garaşyp otyryn! – käseler arakdan doldy.
Uzakly gün tozana gömlen iki obadaş ugurly salkynlamadyk gijäniñ
düýbünde gara dere batyp, garynlaryny otarmaga girişdiler. Birsalym
hiç haýsyndan ses-üýn çykmady. Syrçaly tabagyñ gyrasyna degip,
özara ümmüldeşýän diñe olaryñ çemçeleridi.
– Sered-eý, Şaly! – diýip, birki käse arak içensoñlar, ”geçisi daga
ýaýran” Öwez birneme arkaýynlanyp seslendi. – Seret, heý, şundan
owadan gije bolarmy, seret, töweregiñe! Güýz! Daşyñ tümlük, ýyldyzlaram patrak ýaly, edil ýöne däliredip barýar. Gowaça düýnki
sepilen dermanyñ ysy diýmeseñ, ýatyp çabalanybermeli gije!
Şaly çiñ arkan ýatyp, kikirdedi.
26
– Ýeldirgäp ýöreniñ çyn öýdýän? Seniñ-ä gazal düzübermäñ galypdyr. Hany, gowusy, jynlardan habar ber, aragyñ başynda şolam hiç
neneñ däl, azajyk derem geldi.
Öwez ýüzüni sallady.
– Saña oýun gerek, meñ janym gyl üstünde, hiçiñizden haraý ýok:
ne başlykdan, ne beýlekiden. Men seni jynlary ýatdan çykarmak üçin
ýatladym, senem gaýta...
– Ýok, sen maña gürrüñ bererin diýdiñ.
– Diýen bolsam, sabyr et, neşäni bozma, entek olañ geler wagty
bolanok. Göter ýene bir gezek!
Içensoñlar, Şaly gözlerini süzdi.
– Işiñi gabanyp, tapýan gepiñ-ä däldir-dä bu gep? Hany, jynlañ
görnenok-la?
– Eşek ekeniñ-aý... – Öwez käselere arak guýup, tümlüge göz aýlady. – Gije uzak, gelen wagtlary görersiñ, al, hany, göter! Nämäñ
saglygyna içeris?
Şaly dyzyna galdy:
– Gel, şuny bir zadyñ saglygyna içeli: jenap ýoldaş Prezidentiñ.
Öwez lapynyñ keç bolandygyny añdyrmajak bolup, ýerinden turdy.
– Onda ör turup içeli! – Şaly hasyrra ýerinden turup, ýok galstugyny düzedişdirdi. – Goý, jynlar öz pälinden tapsynlar! Olar biziñ ýurdumyza pagtaçy bolup düşsünler!
Şaly hüñürdedi:
– Jynlarda seniñ kastyñ barlygy çyn. Ýöne düşünjeli bol. Dünýä
sary öküziñ şahynda duran däldir, tertip-düzgün bolmasa, ýykylar.
Ana, hol ýyldyzlary görýäñmi, şolaram lowurdaşyp durmaz, ýere
gaçar!
Öwez ilki gürrüñdeşiniñ ýüzüne, soñam dik ýokaryk gözüni dikdi.
– Berk dälmidir-aý olar? Ata-baba-da durupdyr, indem durar-da.
Biz-ä entek ýyldyz gaçanyny göremzok, süýnenini görýäs.
Şaly dostluga örän golaý äheñde gürledi.
– Ýok, men ”düzgün-tertip bolmasa, gaçar” diýýän.
Öweze aralaşan lapykeçlik çuñlaşmak bilen boldy.
– Hany, içeli-le! Gaçany – gaçar, galany – galar. Gutaraýasy ýok.
Gitdik onda!
Olar gyzgyn spirtli demlerini iki gapdala püfleşip, agyzlaryna onymuny atdylar.
27
– Eý, Öwez – diýip, birneme demini dürsänsoñ, Şaly sesini az-kem
gataltdy, – men señ badra, jyn-arwah diýýäniñe teý düşünip bilemok.
O nämüçin olar ala-böle saña azar berýärler? Nämüçin ile degenoklar?
– Kimlere?
– Kim bolar? Başlyk bar, birgat bar, beýlekiler...
Öwez beýle ýanlarynda ýanyp duran oda gözüni dikdi, ep-esli salymdan soñ jogap berdi.
– Men näbileýin, gal-da, özlerinden sora. Olar meñem enemiñ dogany däl. Gelýäler, azar berýäler. – Öwez gidip, basdyrmañ aşagyndan bir gujak ak pagtany getirip, takyr ýere ýazdy. – Başga derdimize-hä ýaranok, iýibem bilemzok, üstünde bir agynap ýataly-da.
Hany, guý käselere, galan zat gümüne gitsin!
Arak içip derdini ýeñletjek bolan Öweziñ gaýta gitdigiçe keýpi
bozuldy. Ol bu gijäniñ hem galagoply boljagyny öñünden añan ýaly,
gitdigiçe düýrükdi, ýekesiredi. Gözlerini süzüp, Şalynyñ ýüzüni
saýgarjak boldy.
– Bilýäñmi näme, Şaly, sen köp zady bileñok... Köp adam köp zady
bilenok. – Şaly üşerildi, añyna agram salyp başlan aragyñ güýjüni
ýeñjek bolup, gaşlaryny bürjeşdirdi. – Bu dünýä çakyñdan düşnüksiz. Ynha, bu taýy çekim, şeýle dälmi? – ol on-ýigrimi ädim beýlede
garalyp duran basdyrma garşy kellesini salgady, garysyna galdy. –
Göräýmäge bu taýynyñ eýesi biz: başlyk, Geldi birgat, sen, men,
beýlekiler... şeýle dälmi?
– Hawa, onsoñ...
Öwez sesini peseldip, başyny ýaýkady.
Men indi kän zada düşündim, arman, ýöne indi wagt ýok... Biz diñe
gündizine bu taýynyñ eýesi, agşamyna başgalar. – Şaly öñküdenem
beter üşerildi. Öwez dowam etdi. – Bu taýy ”Eýeli”. Hol bakjany
görýäñmi?
– Görýän... – diýip, Şaly gözüni garalyp ýatan bakjadan aýryp bilmän, sesini endiredip, ahyrsoñy jogap berdi.
– Ana, görýän bolsañ, şo taýy gijelerine ”güw” berýär, edil aryñ
öýjügi ýaly! Men bilmedim, ýa bu taýy öñ bir gan dökülen ýer, ýa-da
mazarystanlyk? Şoñ üçinem bu taýy gijelerine duranja goh. Bir görseñ, it bolup çyñsaýalar, bir görseñ-de – aýal. Arasynda öz aýalymyñ
sesi-de gulagyma gelen ýaly boldy.
28
– ”Aç towuk düýşünde dary görer...”
– Kim – menmi? Men, nä, islesem, obada işläp bilmez öýdýäñmi?
– Şu diliñ bilenmi? Ýalñyşýan-a dälsiñ-dä?
– Ýöne sen meni gorkýandyr öýdüp pikir etme, gorkamok. Olar
halys degnama degýäler. Geçen agşam meni bir betnyşan adam
oýardy, gara geýimli, uzyn. Uzyn diýýän, men onuñ boýunyñ nähilidiginem, ininiñ nähilidiginem, sypatynam görüp bilmedim, üstüme
labyryny atýandygyny, agram düşýänini bilýän, ana, bary göreneşiden zadym. ”Tur! – diýýär. – Üstüme abanyp dur. Gepiñ tümmek
ýeri, meni bu taýdan kowjak bolýar, men nirä gideýin? Maña garawulçylykdan gowy işi kim berjek?
– Saña iş ýok, ýöne sen ile iş berip biljek. Senden iş hantama kän...
Bu gürrüñleri diñledigiçe Öweziñ galpyldysy artdy, jynlaryñ özi
üçin iñ howply mahluklar däldigine düşündi. Töweregine gorky bilen garanjaklady, ýene çüýşäni sermeledi, bokurdagy eline ilende,
ýokaryk göterdi.
– Hany, getiren aragyñ, bu-ha tañkyrady? Al bärik, göreli onyñam!
Käsäni dolduryp başyna çeken Şalynyñ çintgemesi artdy.
– Sen şolañ kimdigini sorasan-a indi gelenlerinde, adam bolaýmasyn-ow olar? Senden başga olañ gyzyklanýan zady barmy? Meselem,
syýasat bilen, ýolbaşçylar bilen?
– O nähili syýasat bilen? – aragyñ derdinden añy haýallan Öwez
gözlerini mölertdi.
– Aý, ynha, içki ýa-da daşky syýasat bilen?
– Sen meni oýnajak bolýañmy? – diýip, Öwez nägileligini duýdurdy. – Olañ jyn-arwah bolany haçan, syýasat bilen gyzyklanany
haçan? Asla señ gürrüñiñ meñ mañzyma batanok. Sende birhili kümsüklik bar. Barmy, ýok, aýdaý özüñ? Kümsüklik bar gerek sende?
Gürrüñiñ terse öwrülibermesinden howatyr eden Şaly ýallaklady.
– Senem-aý, Öwez... Men nire, kümsüklik nire?
Tüme duwlanyp ýatan bakjanyñ töwereginden edil şol wagt jynssyz
ses çykdy. Muny eşiden Öweziñ endam-jany syzlady, ol howpurgap,
garañkylyga gulagyny tutdy.
– Äñet! Eşitdiñmi?! ”Eşitdiñmi?” diýýän?
– Nämäni?
– Nämäni bor, ýañky sesi! Bakjadan geldi. Ýene şolar!..
29
Şalynyñ ýüregine-de howsala aralaşdy. Ýöne ol syr bildirmejek
boldy, gödek degişdi.
– Owadan gelin alanlañ hemmesi ”was-was” bolýar. Seniñ keseliñ
düşnükli. Seniñ gulagyña kän zat eşidiler, ony bilýän...
– ”Geçä jan gaýgy, gassaba – ýag!” Halanmajak gürrüñi etme!
– Ýeri, bolýar, diýmedigim... – Şaly öz gepini ýuwmarlady. – Señ
bagtyñ getirdi, iliñ ýetibilmeýänini aldyñ, armanyñ nä?
Öwez oduñ üstüne birki gujak ýalañy odun oklady.
– Ody ulurakdan ýakaly. Ot ýanyp dursa, göwrümiñ giñ bolýar,
ýagtylyk. Gal, bu gije, Şaly, tapawudy näme nirede ýatanyñ, sallah
janyñ bar, ömür görmedigiñi görersiñ!
– Bolmaz. Men çekimde ýatyp biljek däl, ýatyp bilýän bolsam,
menem garawul bordum, seniñ ýaly. Men öýdeçil.
– Gorkýañmy? Siziñ baryñyz gündüzbatyrlar!
– Menmi – gorkak?! Men nyzamly goşunda gulluk etdim. Iki ýyl
gurluşyk batalonynda ylaý çekenlerden ýa beton garanlardan däl!
Şony bilip goý! Men buýruk bolsa, adam-da atyp bilýän!
– Adam atyp bilseñ, buýruk beren tapylar, garaşyber... – Öwez içgiliniñ gönümelligini etdi. – Ýöne men señ kümsükligiñi halamok.
– Onda nämüçin maña ”gel” diýýäñ?
– Aragy kim bilen içeñde nä, gümürdidir-dä.
– Gör, sen nähili biderek adam. Guý onda!
Olar ýene saçagyñ başyna geçdiler. Käseler püre-pürlendi, içip, az
wagtlyk dymdylar. Öwez sesini çykarman, tümlüge gözlerini dikip
otyr, onsoñ ýene-de Şaly gaharyny ýuwudyp, gürrüñ gozgady.
– Öwez diýýän-ä, şol gelýänleñ, heý, anyk soraýan zady barmy?
– Bar – çekimiñ sakçysy arkan ýatyp, ellerini eýýäm tas amanat
diýen ýaly kellesiniñ aşagynda goýdy-da, dik asmana gözlerini dikdi:
– ”Obañyzda nyzamly goşunda gulluk edip gelen barmy?” diýip
soradylar. Menem seniñ adyñy berdim. Oñarypdyryn gerek?
– Gowy edipsiñ. Başga näme soradylar?
– ”Siziñ pagta ekýän ýeriñiz biziñki” diýdiler.
– Dur, dur! – Şaly ýeke dyzyna galdy. – Diýmek, olar biziñ milli
ekinimize garşy! Olara: ”Pagta – biziñ baýlygymyzdyr” diý, goý,
olar gowaçanyñ biziñ buỳsanjymyzdygyny bilsinler!
Öwez gürrüñdeşine ini üýşenip seretdi.
30
– ”Başga buỳsanjyñyz ỳokmydy?” diỳseler nädeỳin?.. Onsoñam
olar derrew gözümden gaýyp boldular, düýşd-ä… Ynsdygynyjynsdygyny añmaga-da ỳetişmedim.
Şaly öz aýdanyny sülä getirdi.
– Ýagny, meñ diýjek bolýanym, pagta bilen olañ nä işi bar? Alarwahlañ bu hereketinden syýasadyñ ysy gelýär... Olaryñ adam bolmagy-da ahmal. Belki, olar biziñ duşmanlarymyzdyr, olaryñ ruhlary!
Diýmek, olar o dünýäde-de, biziñ garşymyza duşmançylygy goýanoklar... – Şaly öz eden açyşynyñ ähmiýetine haýran galyp, añrysyna
çykyp bilmedi: – Arman, bizde jenap ýoldaş Prezidentiñ paýhasy
ýok: ”Duşmana duşman bolmaga kömek et!” Gör, nähili çuññur pelsepe!
– Düýn gije meni bir betnyşan gara oýardy. ”Tur! – diýýär, üstüme
abanyp dur. – Tur, Öwez! Öwez, tur! – gara der bolup oýandym. –
Sen bu taýdan git!” – diýýär. ”Men nirä gitmeli? Gelip düşen iñ soñky duralgam şu! – diýýän. – jogap ýok. Gaýta ”ha-ha-haýlap”, çetime degýär. Gülküsi ysgynyñy gaçyrýar.
Şaly töweregine gorkuly garanjaklap, ýagly köýneginiñ jübüsinden
ýazgy depderçesini çykardy-da, bellik etdi: ”jynlar bilen gatnaşyk
edýär...”
– Näme ýazýañ? – Öweziñ ýüzi çytyldy. – Gijäñ ýarynda sen näme
ýazýañ?
– Hiç zat. Gullukdan galan endik: käwagt birki setir çyrşamasam,
elim gijäberýär... – Öweziñ ömrüniñ paýawlap barýandygyny anyk
syzýan dek Şalynyñ oña kesesinden haýpy geldi, käselere aragyñ
soñuny guýdy. – Hany, al, götereli! Men gideýin, gijigip barýar. Oba
ýetýänçäm gumak ýoldan bäş-on kilometr sürmeli, özüñ bilýäñ.
– Gitme, gal! Gümürdeşeli. Sen bu taýda bolsañ, ol melgunlar milt
etmezler. Diñle!.. – Öwez aşak ýapyrylyp, süýem barmagyny gulagynyñ deñesine ýetirdi. – Seret... şu wagt, hamana, dym-dyrslykdyr,
ýöne traktoryñ tarryldysy ýatyp-ýatmanka edil guduz açarlar!
Şaly başardygyndan perwaýsyz gürledi.
– Gorkýan bolsañ, çekimde nä görüñ bar, ýör, oba!
– Ol ýerde men bolup gördüm...
Şaly üşerildi.
– Gorkunjam bolsa, al-arwahlar sańa adamlardan ýakynda?
Öwez içiýangynly gülümsiredi.
31
– Şuş-şu wagt men olaryñ haýsynyñ gowudygyny kesgitlemegiñ
üstünde işleýän, ýene soragyñ barmy?! Häzirlikçe bilýänim: jynlaryñky añsat, adamlaryñky kyn. Şonuñ üçinem meniñ al-arwah bolasym gelýär! Nämüçin sen hemme zady çintgeýäñ? Sen süýtmi ýa-da
prokuror?
– Sen ýene gygyryp başladyñmy! Hoş onda, men gitdim!
– Jähenneme git! Ondanam añryk! Al-arwaham senden gowudyr!
– Häzir men gidemsoñ, jyn-arwahlar daşyña üýşüp ugransoñ-a bu
batyrlygyñy tapmarsyñ.
– Siziñ hiçiñizden maña delalat ýok: ne mollañyzdan, ne beýlekiñizden! Ine, seret, bu barmak ýaly dogany Maral Rahman molladan
on manada alypdyr. Tüf, diýmäýin diýsem! Şujagazmy meni gorajak! – Öwez boýnundaky doganyñ alajaly ýüpüni üzüp, eliniñ tersine
zybyrdadyp zyñdy. – Men al-arwahdanam, ”Eýedenem”, hatda sendenem gorkamok. Bar, şeý diý-de aýdaý!
Şalynyñ ýüzi gamaşdy.
– Seniñ bu bolşuñ oñlulyga däl, doga saña näme ýamanlyk etdi?
– Bolmasa, bolmaza ýoluksyn, meñ üçin indi bary deñ!
Öweziñ al-arwahdan gorkýandygyna Şalynyñ ynanasy gelýärdi,
ýöne ynanyp bilenokdy. Aýan güýçlerden gorkmaýan nädip gaýybylañ öñünde amana gelsin? Şalynyñ gitdigiçe şübhesi artdy. Ýok, bu
taýda nähilidir bir aýylganç syr ýatan bolmaly, muny jenap ýoldaş
Prezidente ýetirmeli, şonda Şaly, belki, gara işden hemişelik dynar,
paýtagtyñ salkyn kabinetlerinden oña ýer bererler? Ýöne birdenkä bu
işigaýdanyñ diýýäni çyn bolsa nä? Eý-ho!.. Şaly töweregine gözüni
aýlamaga-da gorkdy. Çalaja yranyp oturan Öweziñ ýüzüne-de, hamana, ony iñ soñky gezek görýän dek seretdi, ini tikenekledi, göwnüne bolmasa, obadaşynyñ ýüzünde dirilikden nyşan ýokdy.
Ýöne ol: ”Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýip, özüni köşeşdirdi, onsoñ traktoryna atlandy-da, ”niredesiñ oba” diýip, waz
ýasady. Ýerden aýagyny üzen dessine-de, terzi üýtgäp, töweregini
tanamady, traktorynyñ tarryldysyna keýpi göterilip, bolmajysy boldy. Onsoñ başda gös-göni oba garşy sürjek adam, Öwez bilen iñ
soñky gezek hoşlaşaýyn diýen garaşylmadyk pikie gelip, ruluny birdenkä yzyna burdy. Çyrasyz traktorynyñ signalyna üznüksiz basyp,
ala-gopgun turuzdy.
32
Öwez onuñ ugrunyñ nirädigini görmän galdy. Çünki ol Şaly traktoryna münen badyna özüniñ ýeke galýandygyny bilip, ýap-ýañyja
kellesiniñ gyzgynyna zybyrdadyp zyñan dogasyny gözlemek üçin
pagta ýüklenende traktor salynýan ganawa girdi. Ol dümtünip ýörşüne ganawyñ günbatar çetinden ýeri sarsdyryp, üstünden inen yzy
demir azally aldajynyñ öñünden sowlup ýetişmedi. Bar edibileni –
arkan serpilip, tekerleriñ aşagyna düşmekden sypdy. Emma arkasy
ganawyñ gum diwaryna direlen badyna öñe entiräp, edil ýeñsesinden
itilen ýaly, demir azallaryñ aşagyna ýüzin ýykyldy. Şonda ýiti demir
azallaryñ iñ yzkysy, hamana, ozal-ebedinde Öweziñ kellesini almak
üçin traktora dakylan ýaly ony edil çykanja ýerinden şarpyldatdy
kesdi geçdi gidiberdi.
Şalynyñ gözi bu wagt gapdalda, ýap-ýañyja oturan ýerlerinden
taýak atymlykda gowaça çöpüñ üstünde güberilip görünýän goşdady.
Öwez eýýäm şol ýerdedir öýdüp, ol gözüni şondan sowanokdy. Onsoñ hoşlaşygyñ dabarasyny artdyrmak üçin traktoryñ signalyna üznüksiz basyp, öz tarryldysyna guwanyp, çukurdan çykyşyna ugrubir
obanyñ ýoluna gönügen Şaly garpyz toşabyna goýnuñ ak ýagyny
garan ýaly edip, akja kirşeni gara gijä garyp, bu taýdan ýoklar bolaýdy.
Onuñ yzynda göterilen tozan köwsarlap, ýere uzak syrady. Ak
syrgyn biwagt dökülen ganyñ üstüni örtjek bolup janykýardy.
33
3. Kepjebaş gowuny taşlaýar
Kepjebaşyñ ýekinde ýigreneni töweregine ajy tüsseli demini ýaýradyp, çölde onuñ kowumdaşlarynyñ we beýleki mör-möjekleriñ janyna gije-gündiz gorky salyp ýören rehimsiz demir atlardy. Olar äpet
tekerleri bilen öñünden çykan janly-jandarlary mynjyradyp, ýere
sokup, döremedik ýaly edip gidýärdiler. Demir atlaryñ derdinden
ymgyr çölde ne arkaýynçylyk galypdy, ne-de bukulara ýer. Bir günden bir gün Kepjebaş bu rehimsizligiñ garşysyna çykmagy ýüregine
düwdi: ýok, beýle eden-etdilik bilen ylalaşmak mümkin däl!
Onsoñ ol bir gün ak öýlänler ata-baba üstüni örtüp, özüni göçegöçden saklap gelen sazakdyr ojaryndan aýrylan we şonuñ üçinem
ýel gelse, dik asmana sowrulmaga taýyn bolup ýatan tozgun çöli
taşlap, adamlaryñ arasyna ugrady. Çäge depeleriniñ arasyndan ýeriñ
pesini saýlap gelşine, birnäçe wagtdan soñ şäheriñ alkymyna golaýlady. Ýoluny kesip, zol-zol keýpini bozýan, şäheriñ töweregini
halkalap gurşan zir-zibillerdir terslin-oñlyn gazlan ganawlary hasaba
almasañ, onda ýylan üçin bu öwrenişikli giñişlikdi. Ýöne zeý suwly
porsy kanallar ýoluny kesende, Kepjebaşyñ girre gahary gelýärdi,
boýny ýasy-ýaýman çişip ugraýardy, dogry, porsy suwly ýaplaryñ-da
oña delalaty degmän durmady, ýylan olardan ýüz ugruna özüne gerek awuny alyndy gitdi oturdy. Zeý suwlarynyñ gyrasynda mekan
tutan alakalardyr syçanlar çakyñdan semiz hem lellimdi, olary aparmak üçin üýtgeşik bir çakganlygyñ geregi ýokdy, olar öñýetene
awdy. Köne şäheriñ demirgazygynda, aññat-aññat gumlaryñ ekerançylyga gabat gelip täsgenýän ýerinde Kepjebaş Garagum bilen
hoşlaşyp, başyny ýerden göterdi, alkymyny çişirip, bilesigelijilik
hem gedemlik bilen tes-tegelejik gözlerini petredip, töweregine bakgaryldy. Golaý arada adam ýok, diñe hol añyrlardan bir ýerden birküç sany gara şähere bakan salgymlaşyp gymyldap barýar. Olardan
has bärde, taýak tüwdürim aralykda, gara ýol hem onuñ üstünden
ala-goh turzup barýan äpet maşynlar görünýär. Ol yzyna gañrylyp,
uly ýoldan gün-günden tapawudy azalyp barýan çöle tukat göz aýlady. Bu wagt, sähelçe özüñi emgeseñ, onda onuñ gözilginç owadan
34
gözlerinde: ”Gözellik dünýäni halas eder. Ýöne gözelligiñ özüni kim
halas etmeli?” diýen gussaly sowaly okasa boljakdy.
Nebit, gaz gözleginde çöli gije-gündiz torç edip ýören äpet maşynlaryñdyr traktorlaryñ derdinden uç-gyraksyz Garagum çöli günsaýyn
ýalañaçlanyp, onuñ ýaşaýjylarynyñ örüsi gözgyny daralyp gidip
otyrdy. Çöl jandarlarynyñ ençemesi köpelmekden, nesil öndürmekden geçen, gaýta ýyl geldigiçe gyrlyp, tohumlary tükenmäge golaýlapdy. Haçanda güýz ortadan agyp, çigrek düşende we ata-baba
uka gidýän döwri golaýlanda, çölüñ güýçlüsi Kepjebaş özüne ymgyr
çölde arkaýyn gyş ukusyna gider ýaly buky ýeriniñ galmandygyna
göz ýetirdi. Ol howsala düşüp, dört ýana urundy, emma ugran
ugrunda demir läheñler garşylap, ýigrenji ys-kokdur aýylganç tarryldysy bilen onuñ haýyny gaçyrdylar. Ukusyzlyk onuñ başyna bela
bolup indi. Bu çaka çenli näçe gysylsa-da, özüni howpdan çeke saklan gedem ýylanyñ tenine dowul aralaşyp, näderini bilmedi. Ol mundan beýläk özüni goramakdan ejiz gelýän ata-baba örüsi – çöle nala
bilen bakdy, nesilme-nesil ýaýnap, örüp-ösñän gum depeleriniñ üstünde tolgunyp-towlanyp, öwrüm yzyna öwrüm etdi, şonda onuñ
janly jandary jadyly görküne kökeren gözlerinde töweregindäki gözgülban tozgunçylyk şöhlelendi. Ýylan tohumynda irde-giçde gözýaş
dökmek endigi bolanlygynda, bu wagt onuñ sowuklygy bilen äleme
belli iki damja tes-tegelek garaklaryndan boýur-boýur ýaş akmalydy.
Ol öz düýpsüz gussasyny hem gaharyny, ata-baba endigine görä,
kellesini dik ýokary göterip, boýnuny ýasy-ýaýman çişirip, töweregine aýan etdi. Agzyndan golaý-goltumdaky jandarlaryñ janyna çuññur wehim salýan haşyrdy çykdy. Onsoñ tylla Gün öýleden agmanka
ol iñ belent çäge depesinden towlanyp, aşak indi. Onuñ ýolundaky
ownuk jandarlar çöl hökümdarynyñ gaýgyly ýöriş ýolundan sowlup,
hinli hininde busanyny kem görmediler. Olaryñ hiç biri-de Kepjebaşyñ çölden niräk, näçe wagtlyk hem näme maksat bilen baş alyp
gidýänligini bilenokdy, diñe adaty endiklerine görä, güýçliniñ öñünden sowlup, öz janlaryny gutarmak bilen başagaýdylar.
Kepjebaşyñ özi-de entek gitjek ýoluny gutarnykly saýlap bilmedige
meñzeýärdi, bilýäni: mundan beýläk çölüñ özi üçin harama çykanlygydy. Bu elhençligiñ düýbünde nämäniñ ýatandygyny görmek hyjuwynyñ özüni gitdigiçe beter adamlaryñ arasyna iterýändigini ol öñräkden bäri syzýardy. Ýöne ikirjiñlenip, kän gezdi, ahyrsoñunda-da
35
bu duýgudan hiç wagt gutarnykly saplanyp bilmejegini boýun alan
ýylan ürgün çägäniñ ýüzünde keşde ýaly yz goýup, şäheriñ gaýra
çetini nazarlady, çaltlyk bilen öñe suwlunyp, birnäçe wagtdan soñ
köne jaýlaryñdyr çygly ýerzeminleriñ her ädimde diýen ýaly duşýan
köçesine özüni atdy.
Şeýdibem ol şäherli boldy. Ýöne, görüp otursa, şäher onuñ üçin
tozgun çölden-de sus bolup çykdy, günüñ-güni şol bir zat: çygly hem
porsy ýerzeminler, darajyk hinlerinden jüýçjerişýän syçanlar, añryñ
alsa-almasa, awlamaly bolýan gaýry ownuk mör-möjekler hem ýerzeminleriñ diwarlaryna çenli eýelän aksaç kişiniñ dokmäde ýylgyrýan portretleri. Ol bu ýerde ne dost tutundy, ne duşman, mydama
ýeke hem gaharly gezdi. Şähere aralaşandygyny özünden başga bilen
bolmasa-da, birnäçe wagtdan soñ bu şäherde çakanyny tükgerdýän
äpet zäherli ýylanyñ peýda bolandygy dogrusynda gorkuly ”myşmyşlar” ýaýrady. Çakylyp öldürilenleriñ gök-dalak teni adamlary
haýykdyrsa-da, ýylany ele salmak başardanokdy, asla ondan ”gördüm-bildim” ýokdy, iñ bärkisi adamlar onuñ bilen ýüzbe-ýüz bolmak-da eýgerdenokdy. Onsoñ bu barada, hamana, ol ”adam sypatyna
giren ýylanmyş” diýen dowul ýaýrady hem-de eşidenleriñ ýüreginde
iñ köne – adamlaryñ awuly jandarlardan ejiz döwründäki – çuññur
gorkyny oýardy. Şondan soñ bu köne şäheriñ ýaşaýjylary biri biriniñ
ýüzüne ýiti-ýiti seretmäni çykardylar. Adamlaryñ göwnüne güman
gitdi, gümandan daşarda kişi galmady. Netijede okumyş ýylan özüni
gitdigiçe arkaýyn duýdy. Ol uly şäherde adamlaryñ ahmalyna garap,
etjegini edip, bir gyşy geçirdi. Bu wagtyñ içinde ol kän-kän howlularyñ, öýleriñ gapysyndan garady, bulam-bujar saraýlarda hepdeläp
düýrlenip ýatdy, bazarlary dördi, şähere-de, onuñ adamlaryna-da
belet boldy. Adamlaryñ arasynda gezdigiçe ýylan olara höwrükmän
durmady. Eýsem-de bolsa, ”Ýagynyñ daşyndan içi aman!” diýenleri,
öwrenişseñ, adamlaryñ arasy-da ýaşamazça däl ekeni. Onuñ kowumdaşlarynyñ iñ rehimsiz duşmanlary, ýakyndan seretseñ, hiç neneñ
däl, onsoñ ol nämüçin öz ýaşaýşy üçin adamlar bilen çynlakaý dikleşmezden ýok bolup ýitip gitmelimiş?
Birnäçe gije-gündiz öz-özi bilen göreşensoñ, ol kesgitli netijä geldi:
dikleşmeli! Aslynda munuñ üçin ikirjiñlenmegiñ-de geregi ýokdy,
ony ýaýdandyrýan zat – bu ugurda kime bil baglamaly boljagydy:
kim bilen il bolmaly? Belki, harabada, onda-munda sümsünişip ýö36
ren mahluklaradyr? Olar çöl jandary üçin düýbünden ýat hem galdyrbasdyrly güýçler: ne yns, ne-de jyns mahluklar. Olara el bereniñ
ertirki güni gümana düşmezmi? Olar diñe bir adamlary däl, eýsem
islän jandaryny çoçgaryna çolaşdyrmaga ökde dälmidir? Ýöne, görnüşine görä, Kepjebaşda üýşüp ýatan özge çykalga-da ýok. Ol
güýçler onuñ islegine bakmazlar, daşynda timisgener ýörerler, adamlaryñ arasyna girip, ol eýmençlerden daş durmak çetin, çünki düýpteýkarynda ol albassylar adamlaryñ hut öz ruhundan dörän... Üstesine-de ol indi şäher ýerzeminleriniñ porsy çuñlugyndan irmek irdi,
olarda ömrüñi ötürmegiñ hezilligi ýok, eýsem-de bolsa, bütin ömrüni
zibiliñ içinde bukulyp geçirer ýaly onuñ ýagty jahanyñ öñünde näme
ýazygy bar? Ýok, ol beýle aýylganç jeza boýun bolup bilmez! Ol
ýagty jahana çykar! Ony öz dogduk mekanyndan aýranlar, goý, indi
özlerinden görsünler, ol öz ýaşaýyşy üçin göreşer! Zeýli garañkylygy
ol içigara, kümsük möýlere taşlar-da, bu gün-erte özüni ýaradan ýagtylyga gowşar!
Kepjebaş etsem-petsemlerini ýagşyja ölçerip-dökensoñ, adam sypatyna girip, bir günden-bir gün öz keýpine güwläp ýatan gadymy
şäheriñ orta gürpünde ýerleşen gök bazarynda peýda boldy. Munuñ
üçin ilki ol birnäçe aý ömrüni geçiren çygly ýerzeminlerini taşlap,
şäheri gaýralap oturan haýsydyr bir orta asyr soltanlygyndan galan
harabaçylyga siñdi. Çünki uly iliñ gözüne görünmänkä, gowuny
taşlap, ilki adam sypatynda iki aýakda ýöremäni öwrenmelidi.
Adamlaryñ arasynda ýaşamak üçin olaryñ özüne meñzemeli, ýogsam
her bir ädimde şübhe dörejek, bu-da Kepjebaşyñ peýdasyna däl. Ol
isleýän ýerine ýetensoñ, guýrugyna daýanyp, başyny has ýokaryk
göterdi, soñra gowundan çykyp, duran ýerinde bir silkindi-de, adam
sypatyna girdi. Adam-garasyz ýerden zompa çykan şilliñ uzyn, alkymlak, tegelek ýüzli, eñekmen, arasy ýakyn tes-tegelek ýiti gözli,
gaşlary selçeñ, tas ýok diýen ýaly, ýañy aýak biten ýylçyr kelle bu
kişiniñ başda nähili ýörejegini bilmän, esli wagtlap owsun atyp durşuny gören bolmady. Görenler diñe allowarradan ygym-sagym geçip
barýan ýek-tük ötegçilerdi, olaram çola ýere ”aýak ýoluna” sowlan
bir bendedir öýdüp, oña garşy seretmäge-de ejap etdiler. Ýogsam,
edil gowunyñ üstünde tutanlyklarynda, owsun atyp duran bu gumsalt
reñk pyýadanyñ ýylandygyny güman etmäge olarda näçe diýseñ
sebäp tapyljakdy. Ýöne Kepjebaş edil duşmanyñ içine uçardan zyñ37
lan jansyz kimin gowuny hasyr-husur çöpe-çalama duwlady-da,
aýbyny görer gözden ýaşyrdy. Onsoñ onda bu görülýän adamlardan
ullakan bir tapawut-da galmady. Eýsem indi gözleri içiñden geçip
gelýän ýylçyr kelle kişileriñ il içinde gezmäge haky ýokmudyr? Oña
derek onuñ syrdam boýy, çeýe göwresi, çalasynlygy nämä degmeýär?!
Kepjebaş ýap-ýanyja biten aýaklary az-kem ýer tutansoñ, ýene-de
bir gezek daş-töweregine ýaltaklady, kellesinden sypal şlýapasyny
çykaryp, inçeden uzyn barmaklaryny süýr depesinden, selçeñ biten
tüýleriñ üstünden taýly gezek goýberdi-de, iññeden çykma kostýumynyñ iliklerini düzedişdirdi, alkymyny aşa gysýan import galstugyny az-kem gowşadyp, gyş ukusyzlygyndan soñ bütin endamyna
ornan gowuşgynsyzlygyndan dynmak üçin ädimini düzüp, şähere
gidýän ýoly nazarlady. Ýöräp ugransoñ, selçeñ saçyna garamazdan,
öz ýaşyna görä has galjañ gopýan, iñ soñky modada boýdan-başa
nepis geýnen, bu ýylmanak pyýada baran ýerinde ýol aljakdygyny
güman etdirdi. Durşy bilen okgun bolup duran bu täze adam bilen iş
salyşmaga höwesekleriñ näçe diýseñ tapyljakdygy öñünden-de syzdyrýardy, çünki hüýleri o diýen almasa-da, aldajy ýaly kişilere gabat
gelenlerinde ýaramsaklyk edip geçenini kem görmeýänler azmy
näme? Olar, belki-de, bu tetellileriñ iñ uly wezipelere haýran galaýmaly çaltlykda ýetip bilýändigine belet bolanlary üçin ätiýaçdan
şeýdýändirler?
Haýsy-da bolanda, Kepjebaş ulgam-ulgam dökülen porsy zibil
tümmeklerinden aýlanyp-dolanyp geçip barşyna:
– Lellimler! – diýip, adamlara bu golaýda soñky gezek diýesi gelenini diýdi-de, uly ýola çykyp, añyrdan ýetip gelýän ýük maşynyna
elini galdyrdy.
Ýük maşyny ala-şakyrdy turzup, ýoluñ gyrasyna sowuldy.
– Şähere taşlasana! Pyýada ýöräbem halys aýagymdan ardym –
diýip, Kepjebaş turuwbaşdan dil bilşiniñ ganymatdygyny añdyrdy.
– Mün! – diýip, dilewarlyga gadyr goýmagy başarýanlardan bolup
çykan sürüji, ony şähere alyp gitdi.
Ýylan daş-töwereginde küpürsäp göterilen tozandan ýap-ýañyja
edinen elleri bilen emelsiz goranyp, iki aýtdyrman, dulugy dulugyndan geçip duran garaýagyzdan hor sürüjiniñ gapdalynda gondy.
Şofýoryñ özüne birki gezek göz astyndan bilesigeliji seredendigini
38
duýansoñ, ol ony gürrüñe güýmemekçi boldy, kim bilýär, entek onuñ
üst-başynda syryny açjak ýetmeziniñ-de bolmagy ahmal?
– Mart aýy ygally boljak öýdýän. Ekişi-beýlekini gijä goýmasa-da
biridir, beýdip guýup durşuna... – ol gürrüñdeşine seýrek duşýan
synçy nazaryny dikdi.
Şofýor gürrüñi göwünjeñ alyp göterdi.
– Ekişiñ bir zady bor-la, ýöne, ynha, biz ýaly köne maşyn sürýände
iş bar: bir ýerde batýañ, bir ýerde çomýañ. Bu çakda oba täze maşyn
gelmesi kesildi, ähli zadyñ gytlygy çykdy, mundan beýlesi nähili
boljak, bilýän ýok. Aý, biz-ä şu köneje maşyny elden almasalar
kaýyl, galany bilen oñuşjak.
Kepjebaş gulagynyñ eşidýänine şübhelendi.
– Ýogsa-da, aýdyşyñ ýaly, oba hojalygynyñ ýagdaýy neneñ?
– Obada hojalyk galan däldir. Oba bar-da, hojalyk ýok.
– Beh... – ýylan bu eşiden habaryna asla begenmedi. – Hany sizde
ol ”kolhoz-sowhoz” diýen ýaly zatlar bardy-la, olara näme boldy?
Olar nä gutardymy?
– Ýok-la... – sürüji guraksy hikirdedi, – kolhozçy gutarmasa, kolhoz gutarmaz! Ady üýtgedi. Olara ilki ”daýhanbirleşigi” diýjek boldular, indi ”oba” diýýäler. Siziñ gepiñiz birhili Aýdan düşeniñkä
meñzeş. Siz daşary ýurtlymy?
Sepini bildirendigini syzan Kepjebaşyñ lapy keç boldy.
– Ýok-la, o diýen bir daşary ýurtlam däl-le, ş-şu golaýdan, çölüñ
içinden. Ş-şol kolhozlardan ýaña bize çölde-de gün bolmady. Zeý
suwy dünýäni aldy, çöli mör-möjeksiz goýdy, biz gyzyl aç...
Sürüji gürrüñdeşiniñ ýüzüne hoşniýetli, emma öñküden-de beter
düşünmeýän äheñde ýaltaklady.
– Aý, şol mör-möjekler ýitse kemem däl, ahmal bolsañ, bir ýeriñden
sokjaklar, ”möýdürin” diýdi, ”içýandyryn” diýdi, çölüñ içi ýöne
mörmüldi bolup dur. Aýratynam gije ot ýaksañ gorkunç, edil ýöne
süýşenekleşip eñişip gelýärler, haram ölmüşler.
– Beý diýme! – ýylan özünden bidin owsundy. – Mör-möjeksiz,
biziñ günümiz niçik bor, ondan habaryñ barmy?
– Siz näme ata-baba gumlumy?
Kepjebaş özüniñ öte geçendigini bilip galdy.
39
– Ýok-la, äh-hem... üh-hem... hawa-la, ata-baba diýseñem boljak,
ýogsam dagda-da garyndaşlarymyz bar. Ýöne meniñ gözümi açyp
görenim çöl, işim şeýleräk...
– Düşnükli – diýip, sürüji hiç zada düşünmänsoñ, köpbilmişsiräp,
başyny atdy. – Onyñyz başga gep. Guma menem kädaýym baryp
gaýdýan, çagalara hurşluk mal diýip. Tanyş çopan bar, arzan düşürýär, aý, bu zatlary, gumly bolsañyz, özüñiz gowy bilýänsiñiz.
Ýöne gumda ”ýaşa” diýseler, özüm-ä, walla, başarjak däl. Ýürekgysgynç. Meñ ýalan adym Musa. Biziñ ilde çyn adyñy aýtmak gorkuly:
jyn-arwah ýa-da ýuwha eşidäýse, adyñy alyp dakynarmyş. Size kim
diýerler?
Kepjebaş aljyraññylyga düşjek boldy: asyl ol özüne adam adyny
edinmedik bolsa nätjek! Bolsa-da, ol ýylan çaltlygy bilen çykalga
tapdy: ”Munuñ ýalan ady-da maña bolar, näme kemi bar?”
– Beh, onda ikimiz atdaş bolup çykýarys-da: meniñem adym Musa!
– Görsen-e, muny! – sürüji ýagly elini uzadyp, ýylan bilen täzeden
görüşdi. – Atdaş diýsen-e! Ine onda, atdaş, şähere-de geldik. Men-ä
şundan gaýraky köprä garşy öwrüljek. Seniñ ugruñ?
Kepjebaş adam eşiginde şähere gelendigi ýadyna düşüp, aljyrajak
ýaly etse-de, syr bildirmedi, bolşuna görä degişdi.
– Maña edil şu taýy bolýar. Şäherligi çyn dälmi özi şunuñ?
– Mundan köne şäher ýokdur!
Sürüji ýolagçynyñ ýüzüne ýene bir gezek täsin galyp seretdi-de,
hoşlaşdy. Ýöne ol gañrylyp yzyna bakyp gitdi. Kepjebaş durşy bilen
şakyrdy bolup barýan warak maşyndan düşensoñ, üsti-başyna ýañadandan seredişdirdi, o taýyny-bu taýyny kakyşdyrdy. ”Atsyzam bir
adam bolarmy diýsen-e, nädip ol ilkibaşdan beýle gödek ýalñyşlyga
ýol berip bildikä? Eger beýle ýeñilkellelik etse, ol adamlaryñ arasynda uzak ýaşap bilmese gerek, hüşgär bolmaly. Göni ýoldan egri gitmek – onuñ hünäri... At edindim, atamyñ ady näme bolmaly? Hmm... Ýörgünliräk bir familiýa bolsa-ha kem bolmazdy. ”Musa Çöli”
diýsem näderkä, ýagny – Çölden gelen... Galanynyñam dura-bara bir
zady bolar-da...”
Şol demde ýylanyñ goltuk jübüsinde ”Çöli Musanyñ” adyna pasport peýda boldy. Ol jübüsiniñ sähelçe galñap gidendigini duýup
birneme ekezlendi, alkymyny çişirip, başyny hekgertdi. Hamana,
40
kimiñ günäkärdigini öñünden bilýäne dönüp, öz-özüne: ”Nämeden
başlamaly?” diýen lenji çykan soragy berdi.
Onsoñ okumyş ýylan, ýagny pasporty we adam ady boýunça Musa
Çöli, öz ömrüniñ iñ töwekgel hem haý-haýly döwrüni ýaşamak üçin
beýik hem haýbatly harabalaryñ içinden adama öwrülip suwlunyp
çykandan birnäçe wagt soñrak tot-tozana, awtomobilleriñdir, peýdasyndan zyýany agdyk uşajyk kärhanalaryñ tüssesine boglup oturan
gadymy şähere özüni urdy. Ýurduñ ýüzi bazara garşy, onsoñ Kepjebaşyñ ýüzi nirä bolsun?
Ine-de, güwläp ýatan ”Hangeçeniñ bazary”: kimsi alýar, kimsi
satýar, ala wagyrdy. Bazaryñ daşyny gurşap ýatan dürli dükanlaryñdyr, edara jaýlarynyñ üstünde gulaç-gulaç gerlen ýaşyl matalardaky
täze döwrüñ ýazgylary kommunistik eýýamyñ gyzyl çagyryşlary
bilen bäsleşýärler. ”Ýaşasyn kommunistik jemgyet!” diýen şygar
”Bazar gatnaşyklaryna tarap öñe!” diýen ýazgy bilen ýanaşyk hallanlaýar. Olaryñ sepi bir çüý bilen köne diwara kakylan. Bazaryñ töweregini gurşap ýatan dürli edaralardan wagtal-wagtal boýny inçejik
gara galstukly adamlar çykyp, bazarçylara serenjam berýärler, olara
öz harytlaryny erkin hem näçe bahadan satmalydygyny öwredýärler.
Olaryñ käsini bazaryñ çüñkündäki ”Sosialistik emlägi ogurlykdan
goramak boýunça bölüm” diýen edara garşy südenekledip äkidýärler.
Bazarçy ol ýerden yzyna ýarym-ýalañaç çykýar-da, gaýtadan hyjuw
bilen işe girişýär. Bir käse çaý içim salymdan-da, ol eýýäm ýene
iññeden çykma eşikde, öñküsinden has gymmatbaha geýnip ýetişýär.
Bazarçylaryñ aglabasy aýallar, şonuñ üçinem erkekler iki oduñ arasynda galyp, nätjeklerini bilenoklar: ýumruk bilen del tomaşanyñ
arasy şeýle ýakyn!
Bazar mähellesi aralarynda peýwagtyna aýlanyp ýören bu adamynyñ özlerinden parhynyñ bardygyny görmän durmadylar, hatda oña
ýiti-ýiti çiñerilenlerem az bolmady: be, bu kimkän? munuñ ýöreýişi
dagyn näteñet, edil ýöne suwlunyp barýar, adama meñzeş däl! –
diýişdiler. Onsoñ, soraglaryna degerli jogap tapmansoñlar, ony ýa
gumludyr, ýogsam-da dagdan añyrdan bu ýere söwda gelen biridir
öýtdüler. Kepjebaş bolsa, olara ”barmysyñyzam?” diýmän, bazaryñ
içinde aýlanyp, öz awuny peýledi. Ahyrsoñunda ol ýaş hem görmegeý bazarçy gelniñ gabadynda saklanyp, onuñ satýan zatlaryna içgin
seretdi. Gelniñ harytlaryny synlap bolansoñ, öwrümli gürledi:
41
– Siziñ harytlaryñyzyñ kemi ýok, men olaryñ hemmesine hyrydar.
Puluny, ynha, ş-şu petdeden sogrup alyp bilersiñiz. Ýöne meniñ hiç
hili haryda mätäçligim ýok. Bu mata-marlak, naşyja zatlaryñyz meniñ derdime ýarasady, onda meniñ bagtymyñ çüwdügi bolardy.
Köp zady wada berýän gözler bilen gelin onuñ ýüzüne gyýa-gyýa
seretdi.
– ”Gyz bilen duza gytçylyk ýok.” Maksadyñyzy aýdyñ.
– Sallah adamda maksat näme işlesin? Ýyly gujak bolsa – boldugy.
Oýun bolsa-da, degişme däl, çölden tökesiräp geleniñ ýagdaýy-da...
– Siziñ gözüñiz gijeniñ gözi ýaly gaty ýiti, öñünde durmasy kyn,
ýöne diliñiz çalgyrt. Siz gelmişekmi? Göwnüme bolmasa, soñky
döwürde bu şäherde gözi ýiti kişiler gürelip barýan ýaly, nämedendigini nä biljek.
– Gorkup otumañ, bu bir gyzamykdan galan kesel, aslym ş-şu ýerli.
– onýança Kepjebaşyñ gözi harytdan ýüklenip, bazardan çykyp
barýan dolmuş gelne düşdi. – Siz meniñ üçin ol gelne habar gatyp
bilmermisiñiz?
– Onuñ ady Aýnabat, ol meniñ doganoglan bajym. Ol häzir bazardan çykyp, demir ýoldan gaýralygyna ýörär, özem pyýada. Siz oña
gaýraky bagyñ içinde garaşsañyz, suwa inen maral ýaly, ediljek ýöne
üstüñizden barar. Gelin dagy däldir, ýöne deñiñizden geçip gidibermez ýaly: ”Abat size salam aýtdy” diýseñiz bolany. Nämä öwelip
dursuñyz, ol dazanaklap gidip barýar. Men halys dilimden ardym,
baryñ indi öz başyñyzy özüñiz çarañ, başy boş bolanda nä, meniñ
ony nikalap goltugyñyza salmajagym hak! Bujagaz şeýteliñize jübimde ýer tapylar, ol gowuz. Hoş onda, galany itiñ añsadydyr-la!
Kepjebaş çaýhananyñ gapdalyndan geçdi-de, bazaryñ gyrasy bilen
öwrülip, gaýralygyna ýöredi. Uzak wagt geçirmänem, ol edil diýlen
ýerde gelniñ öñüni gabatlady.
– Salam, Aýnabat! – soñam özüni ýat görüp keýerjeklän gelne: –
Abat size salam aýtdy – diýip, kömege döwtalapdygyny bildirip, içi
zatly torlaryna el uzatdy.
– Esen bolsun. Ýöne men hiç hili Aýnabady tanamok. Abadam
meniñ özüm. Men indi öz-özüme sizden salam aýdan bolup çykýaryn-da, şeýlemi?!
Ýylan agzyny açdy.
42
– Ol nähili?! Siziñ ”Abat” diýen doganoglan uýañyz, ýokmy? Olam
gök bazarda zat satanokmy? Men öz gözüm bilen gördüm, satýar!
Gelin kinaýaly gülümsiredi.
– Doganoglanam satýarmy?
Ýylan garaşylmadyk ýagdaýa düşendigini bilip, aljyrarly göründi.
Tanyşlyk başlanmanka gutarjaga meñzedi. Bu ýagdaýdan baş alyp
çykmak üçin uzaga çekdirmän, nämedir bir zatlar etmelidi. Aýallar
bilen ümmüldeşmekden tejribesi bolmansoñ, ol öz ýylan jadysyny
ulanmasa, utuljakdygyny añdy. Onsoñ ol gelniñ ýazzy mañlaýyna
geçdi-de, onuñ gözlerine tiñkesini dikdi, howlukman, alñasaman,
uzak wagtlap seredip, usul-usuldan onuñ gözleriniñ içi bilen ýüregine aralaşyp, ysgynyny aldy. Onuñ sesi bu wagt edil märekäniñ öñüne
çykyp, millete göz görkezýän gözbagçynyñky ýaly mylaýymdan
hökümlidi.
– Satýar, elbetde, satýar... doganoglanam... dolananam... ýakynynam, daşynam... Bazar bazardyr-da, bahasy ýetdigi – satyldygy... Siz
maña edil öz bahañyza düşdüñiz, ne arzan, ne gymmat.
Gelin ýüregini ýaryp gelýän ýiti nazardan sypmak üçin bir urundy,
emma güýji ýetmän, derrew haýallady, nätanyşa boýun boldy. Garşysyndaka ýakyn-ýakyn baranyny-da, onuñ buz ýaly goltugyna girenini-de bilmän galdy. Soñra olar ile belli aşyklar kimin, bagyñ içi
bilen goltuklaşdylar ötägitdiler. Arkaýynlaşansoñ, ýylan özüniñ islegini sypaýyçylyk bilen mälim etdi.
– Men siziñ ertirki oturlyşygyñyza gatnaşmakçy.
– Siziñ görküñiz baş aýlamazça däl, aýratynam siziñ gözleriñiz
meniñ edil janymy alyp barýar – diýip, gelin boýun aldy. – Ýöne siz
partiýa agzasymy?
Ýylanyñ buz ýaly endamy gyzyp gitdi. Ol äm-säm boldy.
– O näme diýdigiñiz boldy?
– Siz kommunistmi diýýän?
Ýañy adam sanyna girdim diýip ugran ýylan özüniñ entek hiç kimdigine düşünip, ur-tut mekirlige ýüz urdy.
– Bolsam gowumy, ýa-da bolmasam, meniñ siziñ pikiriñizi bilesim
gelýär?
Abat onuñ ýüzüne uzak seretdi. Ýöne bu gezek onuñ gözlerinde
soragdan mähir-muhabbet kändi.
43
– Elbetde, bolsañyz gowy. Kommunist bolsañyz, diỳmek, siz demokrat we döwlet işgäri. Demokratik partiýa – biziñ ýurdumyzda
agalyk ediji partiýa. Müdümilik! Onsoñ siziñ wezipäñiziñ kiçi-girim
däldigini bilmek üçin aýalyñ akyly hökman däl, ony öñýeten biler...
Ýöne siziñ pyýada gezip ýörmäñiz, elbetde, geñ... Belki, ýüregiñizi
ýag aldyrmajak bolýansyñyz? Belki-de, adamlara ỳakyn bolasyñyz
gelỳändir?..
– Gönümden gelsem, meniñ ýigrendigim – maşyn. Tehnikany hiç
hüýüm alanok, görsem añrym bärime gelýär.
– Düşünýän – gelin oña duýgudaşlyk bildirdi. – Siziñ işiñizde şeýle
bolaýmalam-da: günüñ-güni ýolda, ynha görseñ, uçmaly, ynha görseñ, otly, ondan düşseñ, maşyn; onsoñ adam-bende irmän, dagy nätsin? Puldan kösenmeýändigiñizi-hä, soraman biläýmeli. Siziñ Býuronyñ agzasy bolmagyñyz-da ahmal. Dogrusyny aýtsam, men Býuro
agzalarynyñ hemmesini ýüzünden tanamok, ýöne olary sylaýan,
etjek alajyñ nä? Olar sypaýyçylykly.
Ýylan-Musa Abadyñ gürrüñini ganyny damdyrman diñledi. Adam
eşigine gireniñ bilen entek adam sanynda görülmejegiñ, iñ bärkisi
başyñy çaramak üçin-de arrygyñy gynamaly boljagyñ güman etdirýärdi. Bu jemgyetde okumyşlygyñ nyrhy nedir?..
– Hany, hany... – ol bar zadyñ anygyna ýetmek üçin gitdigiçe mekirlige ýüz urdy, – göreýin bakaly, dowam ediberiñ, maña siziñ näzik
sesiñiz hoş ýakýar; nämüçin siz ozalynda opera aýdymçysy bolmansyñyz? Belki, men ýalñyşýandyryn, belki siz aýdym aýtmagy gowy
görýänsiñiz? Men siziñ ýakymly sesiñizi näçe diñlemeli bolsa taýýar,
aýratynam Býuro baradaky süýji gürrüñiñizi...
Ýaş aýala öwgüniñ ýetiren täsiri ýylan jadysyny ompa oturtdy.
Gelin saýrak guşa meñzäberdi. Ýylan üçin munuñ açyş kemi ýokdy.
– Meniñ boýdaşymyñ ady Nabat, ony ertir görersiñiz, süñksüz
gowy maşgala. Meniñki ýaly, onuñam başyboş. Dertdeş-dä. Onuñ
Býuroda tanşy bar, şeýle sypaýy adam, bir salym ýanynda otursañ,
hezil edýäñ, şeýle medeniýetli adam, özem Nabady eliniñ aýasynda
saklaýar. – Abat ýene-de öz gürrüñdeşiniñ sowuk gözlerine ýaş aýalyñ ýyly mährinden ýoñsuz paý bölüp berdi. – Hawa-da, olaryñ işem
şonuñ ýaly-da. Medeniýet diýeniñ Býurosyz bir ädim öñe ädip biljekmi? Ädäýende, gorpa gapgarylmazmy? Tal Tagan inçe sungatyñ
hossary. Ideologiýanyñ-da! Ol entek Stalin dirikä, 1953-nji ýylda
44
partiýa agzalygyna göterilen adam. Tal Taganlar biziñ milli guwanjymyz, ýurdumyzyñ geljegi! Siziñ bu zatlardan başyñyz gowy çykmaly...
Musa içinden: ”käşgi...” diýip ýetişse-de, daşyndan howlukmaç
tassyklady:
– Elbetde, elbetde, biz ol zatlary bilmesek bolmaz.
– Ertir siz hemmesini öz gözüñiz bilen görersiñiz. Ýogsa-da, siziñ
käriñiz nämedir?
Musa edil guýrugyndan basylan ýaly heşerlendi. Çünki ol ýene-de
gapyl galdy.
– Menmi? Men bu ş-şol çölde güýmenen boldum ýördüm. Oba kän
bir aralaşjagam bolup durmadym...
– Düşnükli. Siz geolog bolmaly. Meniñ sizi tanamaýanym şonuñ
üçündir. Ferma müdiri bolanlygyñyzda, ikimiz tanyş bolmaly, müdirler bilen ýolumyz gündelik kesişýär: welaýatkomyñ işgärleri hurşsuz oñup bilmez-ä! Olaryñ hersi aýda bir tokly iýäýmeli.
– Olar siziñem ýoluñyzy kesýärmi? – ýylan señrigini ýygranyny
duýman galdy. – Çölde biz olardan bez bolan.
– Hawa-da! – goşa jadynyñ güýjünden halys añkasy aşan ýaş gelin
saýramagyny kesmedi. – Size daýhanbirleşiginiñ sürüleri ynjalyk
berýän däldir. Wyşka dikjek ýeriñizden wagtynda aýrylman, üstesine-de: ”Mal örimizi torç edýäler” diýip, welaýatkoma arz edýändirler, belki Býuronyñ hut özüne-de baryp ýetendirler? Olar çölüñ ýalñyz hojaýyny özümizdiris öýdýärler. Bu meselede men siziñ arkañyzda. Sebäbi nebit bilen gaz bolmasa, progress bolup bilmejegine
men düşünýän. Eti biz Ýeriñ añry ujundan, meselem, Awstraliýadana-da, hat-da unup-çydap bilmesek, bahasyny berip, hut öz maldarlarymyzdan-da satyn alyp bileris, a nebit-gazy? Hiç haçan! Aýagyñy
basan ýeriñde ýangyç barmy?! Bolaýsa-da, bize ýetmez. Ýok, maña
siziñ käriñiz ýaraýar: ”Dag göwsünden nebit alýan zor oglan!” Siz
ertir biziñkä geliñ. Hökman. Men sizi Tal Tagan bilen tanyşdyraýyn.
Nabat bilenem. Ertir Býuronyñ ýygnagy. Diýmek, ertir agşamlyk Tal
Tagan Nabadyñka sowlar. Ol ýerde bize iñ güýçli rus aragy bilen
gyly gyrylmadyk partiýa gybatlary garaşýar. Beýle hezillik her öýde
tapdyryp duran däldir, boýun gaçyrmarsyñyz diýip, umyt edýärin!
Ýöne men düşünmedim, elbetde, siz meniñ günämi ötüñ... siziñ partbiletiñiz barmy ýa-da ýok?
45
Musa jübüsinden gyzyl kitapçany çykaryp görkezdi.
– Ine, siziñ diýýäniñiz ş-şu bolsa gerek? Tal Tagan bilen men kompartiýa edil bir döwürde girendirin. Ýadymda, ol wagt entek Stalin
diridi, ine, görýäñizmi, 1953-iñ başynda goýlan möhür...
– Edil özi! – Abat içini tutup begendi. – Siz gymmatly kadr: göräýmäge ýaş, emma, gör, nähili tejribäñiz bar! Siz ýaly şahsyet bilen
işleşmek meniñ ömürboýy arzuwymdy. Býuro agzasy bilen inçe
gatnawda bolamsoñ, medeniýet meniñ üçin öwrenişikli zat. Meniñ
özüm däl, boýdaşym Býuro bilen inçe gatnawda, menem, öz gezegimde, onuñ bilen içgin... onsoñ, isleseñ-islemeseñ-de, medeniýetiñ
jümmüşinde bolup çykýañ, düşünýänsiñiz-le... Ah, şonuñ üçinem
sizä-hä müdir bolsañyz, menem – siziñ medeniýet orunbasaryñyz,
gör, niçik gowy bolardy! Ine, onda men-ä öz öýüme geldim, häzirlikçe hoş! Ertir, ýañky adresi taparsyñyz diýip, umyt edýän!
– Menem.
Ýylan Abat bilen hoşlaşansoñ, şäherde tä garañky düşýänçä köw
urdy. Garañky düşensoñ, ol tüýsüni üýtgedip, garañky hem zeýli
ýerzeminleriñ birine özüni atdy. Ol özüniñ bu bukusyndan ertesi ak
öýlän adama öwrülip yzyna çykdy. Şondan soñ onuñ ilki aladasy
myhmançylyga barjak öýüne sowgat almak boldy. Sowgady iliñ
alýan ýerinden almasañ, näme almalydygyny näbiljek?
Şäheriñ merkezine özüni atan Kepjebaş onuñ içinde öz keýpine
aýlanyp görmekçi boldy. Haýsydyr gelmişek ýurtbasaryñ adyny
göterýän köçäniñ iki gyrasyndaky atam döwründen galan sep-sep
bolup gidýän köne kerpiç jaýlardaky dükanlaryñ her haýsyna bir
kellesini sokup çykdy. Onuñ hoşuna gelen zat bu dükanlardaky baslygyşyp ýatan harytlar däldi, tekjeleriñ añrysynda gözlerini oýnadyşyp duran alyn dişleri seteräm altyndan gözellerem däldi. Her dükana
girende, ilki bilen onuñ ünsüni çekýän zat – dükanlaryñ aşagyndaky
çygly ýerzeminlerden burnuña haplap urýan zeý ysydy. Ýylan olaryñ
haýsydyr birine sümmän zordan saklandy, bu ýagdaýda söwda edenden gowusy ýokdy.
– Maña ýaş hem owadan aýallaryñ gowy görýän harytlaryndan
sowgatlyk dolañ. Iki kişilik.
Dükanyñ töründäki suwlañja gyz alyjynyñ üst-başyna çalarak göz
aýlady-da, göze görnüp duran harytlardan öýdeşdirip, iki bogdak
bogdy.
46
– Bolýarmy ýa-da ýene üstüne zat goýaýynmy?
– Elbetde. Bu köne-küşüliñ bahasyny menden alyñ-da, onsoñ,
gaýrat edip, maña import harytlardan dolap beriñ. Meselem, adam
oglunyñ tapyp bilmejeginden. Gadyryñyzy bilerin...
Gyz düşüş ýylgyrma bilen alyjynyñ ýüzüne mylaýym garady.
– Enaýy hem gymmatbaha zatlardanmy?
Alyjy begenip, başyny atdy.
– Edil özi, diýşiñizdenem beter.
– Ana, şolar bizde ýok-da. – gyz öñküdenem mylaýym ýylgyrdy. –
Indiki hepde dagyn gelmegi mümkin. Sebäbi bu barada eýýäm Býurodan görkezme bar. Sebäbi soñky hepde-de partiýañ gurultaýy
açylýar, öñ ýanyndan import haryt gelmese bolmaz. Elbetde, zähmetde öñdebaryjylar üçin. A siz zähmetde öñdebaryjymy?
Ýylan öýkeli hüñürdedi.
– Iñ öñdebaryjy! Menden zähmetkeşiñ öýi ýykylsyn! Ýogsam
munça puly men nireden alanmyşym?! Bular meniñ daban azabym!
Ol jübülerinden weşeñ-weşeñ pul çykaryberdi. Muny gören satyjy
gyz gözlerini süzüp, başyny çalaja atdy.
– Onda men size öñki gurultaýa gabatlap gelen harytlardan dolap
beräýerin, galan-gaçany ýok däl, özüme goýanlarymdan...
Söwdasy oñan Kepjebaş sowgatlary goltugyna gysdyryp, köçä
göwnühoş çykdy. Ol gadymy şäheriñ egrem-bugram darajyk köçelerinde ýadaýança aýlanyp, soñra duýgur ýüzüni täze mikroraýona
garşy öwürdi. Alkymyndan çykan otlynyñ uzaga çeken şakyrdysyny
alaçsyz diñläp, soñra demir ýoldan gaýralygyna geçdi we edil diýlen
wagty, diýlen jaýyñ gapysyndaky düwmäni basdy. Ol düwmäni basyp durka egniniñ üstaşyry ýene bir gezek täze ýaprak çykaran goşa
şatudyñ ýaşyl ýapraklaryna dykgat bilen seretdi; hä diýmän, olary
çañ basar. Töwerekdäki jaýlaryñ hemmesi biri birine meñzeş, entek
çybykka daşyna maşynyñ köne tekeri geýdirilen goşa şatut bolmdyk
bolsa, onda bu gapyny salgy bilen tapmak kyn boljak ekeni. Ýöne
häzir dogry gelendigine onuñ gözi ýetik.
– Açýa-aaryn! – gapynyñ añrysyndan düwmeden çykan owaz bilen
bäsleşýän ýakymly aýal sesi eşidildi.
Gapy açylanda alagarañky otagdan bärik bakýan ýaş gelniñ görki
ýylanyñ sowuk ýüregini ersdirerli göründi.
47
– Beýle owadan zenan diñe ş-şu ş-şäherde, onuñam diñe ş-şu
jaýynda öñüñden çykyp biler! – diýip, ýylan eýýämden hamana Býuronyñ agzasy ýaly aşa sypaýy äheñde haşyrdady.
Ýylanyñ öwgüsiniñ ýaş aýala diýseñ ýakymly täsir edendigini soraman biläýmelidi, ol dylym-dylym etdi.
– Geleweriñ-de, geçeweriñ! Hoş geldiñiz!
– Salam! – Musa döwrüñ ruhunda, gysga hem dabaraly seslendi. –
Mümkinmidir?
– Elbetde, mümkindir! – ak ýüzli syrdam gelin eli Musanyñ eline
degende tisginjek ýaly etse-de, syr bildirmedi. – Tal Taganam indi
uzak garaşdyrmaz. Ýöne siz ägirt ekeniñiz, diýen wagtyñyzda geldiñiz. Ýogsam, ykjamlykda entek Tal Taganyñ öñüne geçen ýokdy.
Biziñ tanyşlarymyzyñ içinde.
– Ine, indi bar! – ýylan-Musa özünden göwnühoş seslendi. – ”Şägirt
halypasyndan ozdurmasa, kär ýiter!”
Nabadyñ gaşlary çalaja çytylyp gitdi.
– Aýyplaşmañ, ol häzir geler. Býuronyñ ýygnagy uzaga çekendir,
möhüm karar kabul etmeli bolandyr. Onuñ işi añsat däl.
Myhmany boýdaşyna tabşyran gelin derrew öz aladalary bilen gümra boldy we şondan soñ onuñ ýüzüne gaýdyp ýeke gezegem gönüläp
seretmedi. Bu ýylanyñ içinde kitüw goýdy. Onda güýç bar, ýöne
onuñ jadysy her görene ötüberenok – nämüçin? Bazarçy gelin ony
tasdan çoçgara çolaşdyrypdy. Indi Nabada nähili düşünmeli: güler
ýüz bilen garşylasa-da,, bir sözden düwüldi. Onuñ güýji ýetmese,
diýmek, aýallaryñ özünde güýç bardyr – ýöne nähili? – ine, onuñ
bilmeli zady. Nämede özüniñ olardan asgyn gelýändigini ol nädip
bilmeli? Eger-de akyl ýa mekirlik bolsa, onda ne ýagşy – bir alajyny
tapar, ýöne mesele duýga baryp direse, onuñ utulan ýeri köp bolar.
Bu ýerde gep kimdir birinde duýgynyñ agdyklygynda ýa-da, tersine,
egsikliginde däl, ondan inçe zatlar-da gytlyk edenok. Häzirlikçe ilkinji çaknyşykdan onuñ öwreneni – hüşgär bolmak! Býuronyñ agzasy bilen boljak duşuşyk ony iñkise goýýar. Aýallar ýöne-möne däl,
bular erkekleriñ diñe duýgusyna erk edýärlermi ýa-da akylpaýhasyna-da? Aşakdan aýak sesiniñ gelip ugrandygyny ilden öñürti
duýan ýylan ykjamlandy.
– Bu günki Býuro gazaply geçdi – Tal Tagan gelşine rus aragy bilen ”bokurdagyny ölledi”. – Jenap ýoldaş Prezidentiñ saglygyna
48
götereliñ! – Býuro agzasynyñ her egninde bir gelin ör turdy. Ýylan
gijä galmady, ýöne pursadyñ dabarasyndan lezzet almak oña eýgertmedi, bu-da, elbetde, onuñ peýdasyna däldi. Bu kiçijik toparda nähilidir bir aşa duýgurlygyñ bardygyny syzan ýylan tolgunyp, tasdanam
gözlerini ýere damdyrypdy. Bulgurlar bir zarbada boşady. Aşak oturansoñlar, Tal Tagan aýallara ýüzlendi: – Gelinler, size agyndanmy,
gyzylyndan? Ýoldaş, Musa Çöli, ikinji bulgur tanyşlyk üçin! – şondan soñ ol diñe aram-aram gelinlere akly-gyzylly üzüm şerabyndan
hödürlemek üçin damagynyñ arasyny bozaýmasa, galan zada kän
ünsüni bölmän, iýdi. Haçanda anrysyna birneme ”il gonansoñ”, aýasyna ýuwaşjadan gägirip, saçakdan biraz yza çekildi. Bulgurlara
fransuz konýagyny aýlap oturyşyna işdä açýan iñ gizlin partiýa gybatlaryna tutduryp ugrady: – Ýene guramaçylyk meselesine serediljek. Daýhan birleşikleri özüni ödänok. Obalara müdirler bellenjek.
Belki, şonda hasyl bolar? Ekiş gijä galýar. Tehnika taýyn däl. Onuñ
düýbünden ýoklugyny nazarda tutsañ, ekişe taýyn edilmezligi halysda lapyñy keç edýär. Ýöne martda ekişi gutarmaly. Daýhanlar: ”Ýerden gar aýrylanok” bahanasy bilen Býuronyñ iñ gymmatly görkezmesini äsgermezçilik etjek bolýarlar. Ýaşulynyñ gahary ýatanok,
garyñ aşagynda ekişe başlamagy buýruk berdi. Esasy zat howa ýagdaýy däl, Býuronyñ karary. Emma muña düşünmek üçin daýhanlaryñ syýasy sowady ýetenok, olar öz diýenlerini geçirmekçi, totyguş
dek bir diýenlerini gaýtalaýarlar, ölýänçäler. Ýöne bu meselede olara
eglişik etmek inisiatiwanyñ elden giderilmegini añladýar. Ekiniñ
ykbaly – Býuronyñ ykbaly. Biz öz ykbalymyzy başga birine ynanyp
bilmeris. Daýhan islän wagty ekip, islän wagty-da hasylyny ýygnasa,
Býuro näme işlemeli? Beýle baş-başdaklyga ýol berilse, häkimiýetiñ
elden gitdigi dälmidir? Herki betbagtlygyñ öñünden gaçmasañ, soñky tüýkülik sakgal ezmez. Onda biz sanlyja ýyldan anarhiýa we başbaşdaklyga duçar bolarys. Bu ýyl ekişi tebigy mümkinçilikden on
gün öñ ekmeli – gep gutardy! Siziñ hemmäñizi bu ýeñiş bilen tüýs
ýürekden gutlamaga rugsat ediñ! – Býuronyñ agzasy galstugyny
düzedişdirip, eli bulgurly ýokary galdy. Saçagyñ başyndakylar onuñ
göreldesini eýerdiler. Içilensoñ, Tal Tagan dowam etdi: – Daýhanlary gowşak tutsañ, olar derrew döwleti ýykjaklar. Ýeri, howany, ýylyñ paslyny bahana edinip, Býuronyñ iñ möhüm kararlarynyñ gymmatyny gaçyrýarlar. Hamana, tebigatda Býuronyñ görkezmesinden
49
artyk güýç barmyş?! – ol bokurdagyny arçady. – Indi biz hemme
zady üýtgedýäris, hemme zat täzelenýär! Obalary müdirlere tabşyrarys, şonuñ bilenem – iş tamam. Rewolýusiýa dowam edýär! Ýöne
onuñ şowly dowam etmegi üçin jenap ýoldaş Prezident ony indiden
beýläk ”ewolýusiýa” diýip atlandyrmak barada ýörite perman çykardy, muny berk belläñ, häzir bu möhüm! Gumuñ etegindäki obanyñ
başlygynyñ bu gün tepbedi okaldy: onuñ saglyk ýagdaýy erbetleşse
gerek. Göwün diýen adam bolsa, ertiriñ özünde onuñ ýerinde oturdyp gaýdybermeli, ýöne hany onuñ ýaly adam?
Kepjebaş ykjamlandy: adam galmadyk bolsa, diýmek, onuñ gezegi
gelendir! Tal Tagan gürledi, Musadyr iki zenan ýetişdikçe onuñ ”häsini” berdiler. Dört bulgur garlawaç dek ýere dege-dege ýokary göterildi. Konýakly çüýşeleriñ düýbi görünýänçä täze tanyşlar öwrenişdiler.
– Meniñ size göwnüm ýetdi. Hoş geldiñiz! Siz gumly, biziñ özümiziñki. Ýöne daşary ýurtlardan dökülýän myhmanlar-da az däl. Çünki
jenap ýoldaş Prezident adamzat taryhynda gyly gyrylmadyk täzelik.
Dünýäniñ gözi entekler näme görýär, biz ony näçe islesek, şonça-da
haýran galdyryp bileris! Daşary ýurtlardan biziñkä gelýän myhmanlaryñ sany gün-günden artýar, olaryñ içinde, elbetde, dostlarymyzda, duşmanlarymyz-da bar. Meselem, basym bu ýere Firez Razan
Atdaş geljek.
– Aýdýanyñyz näme?! – ýylan hüşgärligini ýitirip gygyrmak bilen
tasdan-da özüniñ kän zatdan habarlydygynyñ üstüni açypdy. –
Eýsem ol siziñ, ýagny biziñ ganym duşmanymyz dälmi näme? Ol
jenap ýoldaş Prezidenti daşary ýurt radiosynda günüñ-güni tankyt
edenokmy?
Tal Tagan gürrüñdeşiniñ türkanalygyna myssaja ýylgyrdy.
– Elbetde, siz ýalñyşañzok, ol biziñ ganym duşmanymyz bolup
işleýär. Ýöne iş ýüzünde welin, ol biziñ iñ ýakyn dostlarmyzyñ biri.
Kepjebaş düşünmedi.
– Haýran galaýmaly, heý, duşmandanam bir dost bolarmy?
– Elbetde! – Tal Tagan dowam etdi: – ”Dost” ýa-da ”duşman”
diýmek – añrybaş filosofiki düşünjelerdir. Iş ýüzünde dost diýeniñ
duşmanyñ etmeli işini ýerine ýetirse, duşmanlaryñ, tersine, dostuñ
ýerini tutup biler. Men bu meselede Larin bilen doly ylalaşýaryn:
garşydaşlaryñ senden iýmit, egin-eşik soranok, ony tarapdarlaryñ
50
soraýar. Garşydaşlaryñ kemçilgiñi ýüzüñe basyp, seniñ işiñi añsatlaşdyrýar, sen olaryñ görkezenlerini düzet-de, öñe gidiber. Netijede,
duşmanlaryñ seni güýçlendirýär, seniñ häkimiýediñ ömrüni uzaldýar.
Emma tarapdarlaryñ welin, ýalñyşyñy-da üstünligiñ diýip öwüp, seni
batgalyga batyrýar, gowşadýar. Diýmek, iş ýüzünde olar seniñ duşmanyñ bolup çykýarlar. Firez Razan Atdaşa gezek gelende, mesele
has-da çylşyrymly: oña dost diýjegiñi-de, duşman diýjegiñi-de bilip
bolanok. Göräýmäge, ol biziñ duşmanymyz, ýöne şol bir wagtyñ
özünde-de, biziñ duşmanlarymyzyñ-da duşmany. Netijede, ol biziñ
dostumyz, ruhdaşymyz bolup çykýar. Umuman, garşydaşlarymyzyñ
arasynda biziñ ruhdaşlarymyz kän, şonuñ üçin-de jenap ýoldaş Prezidentiñ tagty gün-günden berkemek bilen. Olaryñ arasynda aýratyn
meşhurlary-da bar, meselem, ozalky deputat, ozalky komsomol işgäri, ozalky molla, ozalky şahyr we şoña meñzeşler. Olaryñ hemmesini-de terbiýelän özümiz: birini Mejlisde, beýlekisini komsomolda,
üçünjisini onda-munda, ýene birini-de türmede; şonuñ üçinem olara
özünden gaçyp gutulmak ýokdur: baran ýerinde hanlyk satarlar,
haýyr işi şere öwrerler; öz içimizde bolandan, olaryñ garşydaşlarymyzyñ arasynda bolany biz üçin müñ paý bähbitli! Olar biziñ garşydaşlarymyzyñ arasyndaka biz arkaýyn ýatyp ukymyzy alyp bileris.
Ýöne biz ukuda-da öz duşmanlarymyzy unudamzok. Jenap ýoldaş
Prezident: ”Duşmany her kes öz obasyndan gözlesin, öz obasyndan
duşman tapyp bilmedik, goñşy obadan-da tapyp bilmez!” diýip öwredýär. Bize indi ”goñşy obalar”, ýagny daşary ýurtlar bilen-de içgin
gyzyklanmaga wagt boldy. Firez Razan Atdaşyñ öz ýany bilen kimleri hem nämüçin getirýänini men entek bilemok, olaryñ bizde näçe
eglenmeli boljagyny-da. Umuman, Firez Razan Atdaşyñ bu ýurda
nämüçin gatnaýandygyny bir Alla bilýär, bir-de jenap ýoldaş Prezident. Ýöne onuñ ýanyndakylaryñ döredijilik bilen gyzyklanýandyklaryndan meniñ habarym bar, olaryñ bize gerek bolmagy ahmal. –
Tal Tagan Musanyñ egnine elini goýdy. – Bu zatlar biziñ adaty işimiz, siz onuñ üçin kelläñizi agyrtmañ, hany, bulguruñyzy göreýin...
göterdik onda! Ýöne Çarwa obasyny müdirsiz goýup bolmaz!
Ýeri gelendigini añan Musa kiçigöwünlilik bilen dillendi.
– Ol oba meniñ beletligim ýok däl. Käte aralaşman duramzok,
guma golaý-da... Adamlaryna-da ýetik... – bu ýerde ol biraz sägindi,
başlan gepiniñ yzyny gümmi-sümmä urarman boldy. – Elbetde, ola51
ryñ meni tanamazlygy ahmal, ýöne men welin, kimiñ kimdigine belet. Içinde jan ynanyp boljaklary bar.
– Bize-de geregi şol-da. Müdiri oba tanamasa gowy. Siziñ olary
tanaýandygyñyz – artykmaçlygyñyz... – ol aşaklyk bilen Abada gözüniñ gyýtagyny aýlady. – Diýmek, gelinler goldasa, bagtyñyzyñ
çüwdügi. Ondan añyrda, diñe Býuro galýar, galany ýönekeý formallyk. Alyñ onda, hany, geljekki üstünlikler üçin!
– Ýaşasyn Býuro! – gelinler inçe duýgularyna bäs gelip bilmän,
ýakymly seslendiler.
Tal Tagan bu inçe duýga syýasy düzediş bermelidigini duýup, galstugyny düzedişdirdi.
– Ýaşasyn jenap ýoldaş Prezident! Eýsem, Býuro näme? Ol jenap
ýoldaş Prezidentiñ kölegesidir. Bolup bilse! Biz özümize edilen belent ynamy ödemek üçin gije-gündiz işleýäris. Ýöne, bilmedim-dä,
bu bagt bize irde-giçde ýetdirermikän? – Býuronyñ agzasynyñ ýüzünde diñe onuñ özüne düşnükli ünji görnüp gitdi. – Ynanylan postda biziñ öz janymyzy duýdansyz ýagdaýda pida etmäge her demde
hakymyz bar. Beýle ynam bu ýurtda her kese eçilinmeýär! Beýlekileriñ biziñ bagtymyza diñe gyllygyny akdyryp oñmasalar, çäreleri ýok!
Býuronyñ agzalarynyñ daş býustlarynyñ Köşkde, jenap ýoldaş Prezidentiñ gözüniñ alnynda onuñ ýatylýan otagynda hatarlanyp goýulmagy eýsem nämäniñ nämedigini subut edenokmy?
– Şujagazy tamşanjak dälmi? – Nabat kümüş dürtgüji onuñ agzyna
ýetirdi.
Içildi. Adam oglundan ses çykanok. Musadanam. Býuronyñ agzasy
dowam etdi:
– Gadyrdan, belki sizi Çarwanyñ başlygy Gulluşyñ ykbaly gyzyklandyrýandyr? Beýle bolsa, onuñ hekaýaty gysga – ol ekişi öz wagtynda ekmekçi boldy. Şonuñ üçinem onuñ işi gaýtdy. Sebäbi ekiş her
ýyl öñküden on gün öñ ekilmeli. Býuronyñ karary şeýle. Gulluş öz
işini bilýän däldir öýtseñiz, ýalñyşarsyñyz, ol ýerini bilmedi. Bu has
erbedi! Netijede Býuronyñ kararynyñ üstüne bozulmak howpy abandy. Biz jenap ýoldaş Prezidentiñ möhüm kararlarynyñ bosagasynda
durýarys. Gündelik! Şonuñ üçin-de daýhana garanda, diýenediji
adamlar biz üçin has gymmatly! jenap ýoldaş Prezident ”Täze oba
syýasatyny” yglan etdi, indi baş-başdaklyga ýol ýok: ”ek!” diýlende
ekmeli, ”or!” diýlende ormaly! Ýogsam, haçana çenli biz könäniñ
52
zyýanly galyndysy bolan howa şertlerine garaşly bolup ýörmeli?! –
Tal Tagan täze tanşyna gözlerini çalaja süzüp, hilegärlik bilen seretdi. – Belki, Musa Çöli biziñ göwün diýen daýhanymyz bolup dörär?
Musa bu aýdylana jogap bermäge ýetişmedi. Abat onuñ elini mähirli gysdy-da Býuronyñ agzasyna baş atdy.
– Nähili döwrebap pikir!
Tal Tagan dowam etdi:
– Meniñ pikirimçe biz jenap ýoldaş Prezidentiñ ýüregini az begendirýäris. Ýöne olam adam ahyryn! Meselem, onuñ dagda, düzde,
deñziñ gyrasynda, ähli ilatly ýerlerde Köşkleri bar we olar biziñ halkymyzyñ göwnüni göterýärler; emma jenap ýoldaş Prezidentiñ çölde
Köşgi ýok. Bu niçik adalatsyzlyk! Biziñ bu işiñ ugruna çykmagymyz
gerek. Aýratyn hormat hökmünde bu iş Musa Çöliniñ paýyna-da
düşüp biler. Elbetde, jenap ýoldaş Prezident Köşge zar däl, ýurduñ
içindäki ähli ýollar onuñ Köşgüne eltýär. Gep halkyñ söýgüsiniñ
tükeniksizliginde. Täze Köşk halkyñ bu inçe duýgusynyñ nobatdaky
aýdyñ beýanyna öwrülmeli. Köşgüñ folklor toparyny we aşpezlerini
aýratyn ünsli seçip almaly, bu işi her görene ynanyp bolmaz, ol Býuronyñ garamagyndaky iş... Çünki Köşk gije-gündiz jenap ýoldaş
Prezidentiñ gelerine taýyn bolup durmaly: kyrk dürli damak, iriýmiş, içgi. Bu işde arakesme göz öñünde tutulmaýar.
– Jenap ýoldaş Prezident gelmese, ol iýmitleri nätmeli? – ýylanyñ
bilesigelijiligi paýhasyndan öñe düşdi: – Halka paýlamalymy?
Tal Tagan Musa Çölä bir geñsi seredip, başyny ýaýkady.
– Ýok. Bu düýbünden gadagan. Garamaýak halky saýlama iýmite
öwrenişdirmek – ýeñilkellelikdir: ”Eşek semrese – eýesini deper!”
Onsoñ dek başyñy depirjik äre bermek – ne hajat? Nany ata çykaryp,
halky onuñ yzyndan pyýada sürüp bilen häkimdar uzaga gider.
– Ýö-öne... – diýip, Abat süýem barmagyny näzik dodaklarynyñ
deñine ýetirdi. – ruhy gymmatlyklary-da äsgermezlik etmek bolmaz!..
– Eýsem näme! – Býuro agzasy onuñkyny gyzgyn goldady. – Bu
meselede iñ möhümi-de halkyñ dil baýlygyna eýelik etmekdir. Dil –
döwletiñkidir! Halkyñ dilinde baha beriji sözleriñ kök urmagy döwletiñ bähbidine däl. Bahany diñe döwlet berip biler, halkyñky: wasp
etmek, begenmek, gynanmak. Döwlet ”gynan!” diýse! Halk öz islän
wagty gynanyp, islän wagty-da begenjek bolsa, onda döwletiñ nämä
53
geregi bar? Halkyñ diñe diline däl, onuñ toýuna-ýasyna-da şärik
çykmaly. Meselem, ölen güni onuñ kepeni, toý güni-de susagynyñ
sapy eliñde bolmaly, diñe şonda döwlet özüni arkaýyn duýup biler.
Adamlaryñ öz keýpine doglup, öz keýpine-de ölüp gitmegi döwletiñ
binýadyny opurýar. ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Bu parlak
jümle jenap ýoldaş Prezidentiñ taglymatynyñ esasy sütüni. Her bir
işimizde biz onuñ beýik açyşlaryndan ugur alýarys, şonuñ üçin ýalñyşlyklar diñe goñşy ýurtlarda bolup biler, bizde ýalñyşlygyñ bolmagy asla mümkin däl! Biz garamaýak halka jenap ýoldaş Prezidentiñ adyna çokunmany öwretdik, halk gije-gündiz şonuñ bilen-de
meşgul. Bu taýy – Azyýa: halky nämä öwretseñ – oña şol gerek!
Eger oña pelsepe otarmana ýol berseñ, onda ol pelsepe bilenem seniñ
tagtyñy ýykar. Azyýanyñ zehini ýiti. Demokratiýany öwreden günüñ
– ol öz başyny çarar. Mesele – Azyýa döwlet gurluşy üçin ölümlikli
– şol güni daşlaşdyrmakda. Makiawelliniñ taglymaty bu işde ilkinji
gollanma bolmaga mynasyp, ýöne ondan añryk ol bir ädime-de ýaranok. Sebäbi ol ýazlan wagtynda dünýäde demokratiki döwlet dolandyryşy ýoñ bolmandy, şonuñ üçin-de ol döwrüñ häkimdarlarynyñ
güni edil çaga pişigiñki ýalydy. Bu gün – başga döwür, şonuñ üçinem jenap ýoldaş Prezident öz ölmez-ýitmez taglymaty bilen öñe
çykdy. Bu durmuşyñ talaby. Mesele örän kyn: öz janyñy howpa salman, adamzadyñ birnäçe asyrlyk ösüş tejribesiniñ ýüzüne maçyladyp
tüýkürmeli – Býuro agzasy owurdynda bol ýygnan sülekeýini gymmatbaha salfetka bilen süpürip, saçagyñ çetinde goýdy. – Onda-da
şeýle bir tüýkürmeli, ýagny ýüzüne tüýkürilýän senden ýüzüni
öwürmeli däl. Işiñ kyny şunda. Bu her kese başardyp duranok, şonuñ
üçinem biz bu işi başaranyñ öñünde baş egmelidiris. Biziñ zamanamyzda bu diñe jenap ýoldaş Prezidente başartdy. Bu bulgury biz hut
şonuñ saglygyna-da içeris! Ýaşasyn biziñ zamanamyzyñ akyly,
paýhasy hem wyjdany bolan jenap ýoldaş Prezident!
Iki aýal bilen Býuronyñ agzasy:
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident! – diýip, ses goşup gygyrdylar. Ýylan ahmal galdy...
Býuronyñ agzasy dodaklaryny eliniñ arkasy bilen süpürip, myhmany utandyrman, dowam etdi.
– Adamlar öwlüýä bilen döwletden gorkmasalar, onda başbaşdaklyga garaşyber. Gabrystanlyk diýmek näme? Bu taryh, däp54
dessur, tejribe! Ýurduń binýady bu üç läheńe daýanmasa, onda ol
islendik ötegçi şemala hallan atar durar. Heý-de, biz muña ýol berip
bilerismi? Ýok. Gabrystanlykda biziñ milli döwlet gurluşymyzyñ
esaslary ýatyr. Biz döwlet dolandyrylyşynda öz halkymyzyñ geçmişini döredijilikli peýdalandyk. Netijede ýurtda ilki “Üç Ýyllyk Gümbaşlyk”, soñra “Bäş Ýyllyk Ümsümlik”, indem “On Ýyllyk Asudalyk” yglan edildi; olam kem-kemden “Ählumumy Baky Dymyşlyga”
ösüp geçmeli. Bu syýasat eýýäm öz miwesini berdi: ýurtda dymyşlyk
edil gonamçylykdaky ýaly çuñ we ol mundan beýläk-de çuñlaşdyrylar. Bu jenap ýoldaş Prezidentiñ geçiş döwri üçin işläp düzen öñdengörüji parasatly Programmasy; özümiz üçin näçe kemsidiji bolsada, men Býuro agzalarynyñ-da ýurduñ ösüş programmasynyñ detallaryndan habarsyzdygyny boýun almalydyryn – bu döwlet syry. Biziñ borjumyz diñe buýrulany ýerine ýetirmek hem halkyñ asudalygyna gözegçilik etmek. Biz jenap ýoldaş Prezidentiñ beýik genisine
ynanýarys hem oña garamaýak halkdan on esse beter tagzym edýäris,
elbetde şol sebäpli-de bizde ösüşiñ ownuk-uşak detallary barada hiç
hili sorag döränok. Asla hiç kimde hiç hili sorag döränok. Säbebi
hemme soraglaryñ jogaby öñünden berlen. Gadyrly myhman, eger
bir dem oýlanyp görseñiz, oýlanmak prosesini mundan añryk çuñlaşdyrmak üçin Býuronyñ agzasynyñ idini ýeterlik däldir, ”döwlet”
diýmek näme, ”adam” dälmi? Elbetde. Adamyñ durmuşynda-da, iñ
esasy zat: ömür bilen ölümiñ gatnaşygy. Ine, hut şu ýerde-de jenap
ýoldaş Prezidentiñ aýylganç öñdengörüjiligi ýüze çykýar. Hany, indi
özüñiz aýdyñ, ol bu barada näme diýýär?
Adam sypatyndaky ýylan bu dara-direde haýsydyr bir kelle döwerlik matal bardygyna ynanmady. Ol Býuro agzasynyñ gözleriniñ içine
bakgarylyp, öz zäherli agzyndan çykmagyna garaşylýan pähimi eçildi:
– ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez”!
– Berekella! Aperin! – Býuro agzasy kaýyllar galyp gygyrdy. –
Siziñ düşbüligiñiz hormat goýarlyk derejede! Bu, elbetde, siziñ saglygyñyza bulgur götermeli pursadyñ gelip ýetendigini äşgär edýär!
Biziñ jemgyetimize hoş geldiñiz, gadyrly Musa Çöli!
Aýallar hoşboý ysly üzüm şerabyna näzik dodaklaryny ýetirdiler.
Býuro agzasy öz sözüni ruhybelentlik bilen jemledi.
55
– Görşüñiz ýaly biziñ ýurdumyz döwletliligiñ añrybaş nusgasydyr.
Halk döwletiñ ideýalaryny diñe bir gözi, gulagy bilen däl-de, eýsem
bütin endamy bilen özüne siñdirýär. Eger-de biz ilkibaşdan liderimiziñ iýmiti bilen garamaýak halkyñ iýmitiniñ arasyndaky tapawudy
gözümiziñ göreji kimin goramadyk bolsak, munuñ soñunyñ nirä
baryp degjegini kim aýdyp biler?
Edil şu ýerde-de ýylan özüniñ ýañy aýak basan jemgyetinde ýaşamakdan häzirlikçe örän ejiz gelýändiginiñ üstüni açdy. Bu jemgyýetde hemme zat şeýle ýöntem hem şeýle çylşyrymly…
– Bu, elbetde şeýle... her jandaryñ öz iýmiti – özüniñki. Ýöne jenap
ýoldaş Prezidentiñ iýip ýetişmedik tagamlary açlara sogabyna berilýärmi ýa-da satuwa çykarylýarmy? Meselem, aýdaly, dükanlara,
bazarlara...
Bu soragy eşidende, Býuro agzasynyñ ör-gökden gelendigi bildirdi,
onuñ inçejik gaşy ynjyly çytylyp gitdi. Ýöne ol özüne erk etmegi
başarýandygyny ýüzugra subut edip, mylaýym ýylgyrdy.
– Elbetde, elbetde... görseñizläñ... hawa... Ol iýmitleri adaty dükanlara satuwa çykarsañ, onda olaryñ ymsyndyryjy güýji göz-görtele
peseler, olary mynasyp grajdanlaryñ iýmegini üpjün etmek çylşyrymlaşar we bu işde gowuşgynsyzlyk ediläýen halatynda garamaýak
köpçülik bilen döwletiñ binýadyny emele getirýän gatlaklaryñ arasyndaky hökmany tapawuda aýylganç zarba urlar. Şol sebäpdenem
ol iýmitler siziñ diýýän dükanlaryñyzda däl-de, eýsem hökümet,
partiýa we gizlin gullugyñ işgärleriniñ ýörite dükan-aşhanalarynda
satylýar. Jenap ýoldaş Prezident adamlary dürli gatlaklara bölmegiñ
ägirt ussady hasaplanýar. Bu taglymata görä, adamlar öz aralaryndaky tapawudy görmeli hem-de oña guwanmalydyrlar. Bizde jogapkär
işgärler üç gatlaga, gizlin gullugyñ işgärleri dört gatlaga, garamaýaklar bolsa, sekiz gatlaga bölünýärler. Diñe aýratyn hyzmat görkezen
adam bir gatlakdan beýleki gatlaga geçip bilýär. Bolmasa, her kimiñ
öz gatlagy ömürlik. Ýöne garamaýak bolup doglan garamaýaklygyna-da ölýär. Bu umumy kada.
– Çölden seredeñde, garşyñda diñe bir gatlak bar – adamzat.
Tal Tagan owadan salfetka bilen agzynyñ ýagyny süpürip, gelinleriñ ýüzüne syrly seretdi-de, örän ýakymly üsgürinjiredi.
– Bu ýerde hiç hili geñ zat ýok. Daşyndan seredeniñde, bütewi görünýän zat kän. Emma iş ýüzünde beýle däl. Şonuñ üçin-de jenap
56
ýoldaş Prezidente örän kyn düşýär. Meselem, ine, siziñ göwnüñize,
onuñ iñ ýakyn töwereginde oña iñ wepaly adamlar bolaýjak ýalydyr.
Emma bu beýle däl, bolup-da bilmez. Jogapkär işgärleriñ iñ ýokary
gatlagy iñ bir ynamsyz adamlardan düzlen. Olar ýurdy edara etmäge
gatnaşýarlar we şol sebäpli häkimiýetiñ gizlin syrlarynyñ belli bir
bölegini öwrenip ýetişýärler. Munuñ özi häkimdaryñ garşysynda
olaryñ howply adamlara öwrülmegi üçin ýeterlikdir. Köşgüñ niresinden girip, niresinden çykmalydygyna belet bolan adamda özüne
ynam döräp biler. Diýmek, jenap ýoldaş Prezidentiñ olara öz janyny
ynananyp bilmejegi öz-özünden düşnüklidir. Olar onuñ orunbasarlary, ministrleri we gizlin gullugyñ ýolbaşçylary. Welaýat häkimlerinide, isleseñiz, bu gatlaga goşup bilersiñiz. Hut şu sebäbe görä-de, çet
ýurtlara sapara gidende, jenap ýoldaş Prezident olary ýanyndan
goýanok.
Ikinji gatlak ýükçi eşeklerden ybarat. Olar öz gününden razy hem
hiç hili problema döredenoklar. Üçünji gatlak gizlin gullugyñ iñ
aşaky gatlagyny emele getirýär, ýagny olar hakynatutma şugulçylar.
Şeýlelikde, gizlin gullugyñ iñ ýokarky hem iñ aşaky gatlagy barada
siz eýýäm belli bir düşünje aldyñyz. Galany iki ortaky gatlak. Olaryñ
birinjisi pul üçin işleýän adamlardan, ikinjisi-de – Watan üçin işleýän
adamlardan ybarat. Biziñ ähli problemalarymyz soñky gatlak bilen
bagly.
– Näme, olaryñ içinde-de ygtybarsyzlary barmy? – diýip, adam
eşigindäki ýylan haýran galdy.
– Ýok. – Tal Tagan çalaja gülümsiräp, parahat jogap gaýtardy. –
Ýöne şeýle adamlaryñ ol ýerde bolup biljekdigi hakda jenap ýoldaş
Prezidentiñ taglymaty bar. Gizlin gulluga ýaşyryn gözegçilik edýän
edara hut bu howp göz öñünde tutulyp döredilen. Bu edaranyñ adyny
bilýän ýok. Ýöne oña işi düşeniñ gaýybana patasynyñ alynýandygy
üçin oña ”Gaýybanaçylar” diýilýär. Bu zatlaryñ hemmesi, elbetde,
biziñ ýurdumyzyñ düýnki güni. Jenap ýoldaş Prezidentiñ genisi biziñ
halkymyza has täze açyşlary berdi. Halk hojalygynda ”galyndysyz
önümçilik” diýen bir tehnologik usul bar, ine, jenap ýoldaş Prezident
bu önümçilik tehnologiýasyny ýurdy dolandyryş sistemasyna çenli
ösdürdi. Ozallar biziñ ýurdumyzda hökümet, partiýa edaralarynyñ
we gizlin gullugyñ garrap sandan galan kadrlary halk hojalygy üçin
ýitirilýärdi. Emma indi beýle däl. Indi olar ömrüniñ ahyrky minutla57
ryna deñeç halkyñ hyzmatynda. Biraz howlukmasañyz, siz muña
düşünersiñiz. Bu zatlar edil daşyndan göräýeniñ ýaly däldir. – Tal
Tagan bir bulgur rus aragy bilen bir bulgur fransuz konýagyny arasyna salym bermän owurtlady. – Siz gaty dogry aýdýarsyñyz. Biziñ
ýurdumyzda doly bahaly grajdanin hökmünde nagtly ömür sürmek
üçin ýurduñ kanunlaryny berk ýerine ýetirmeli. Olar iki sany: birinjisi jenap ýoldaş Prezidente baky wepalylyk kasamy, ikinjisi-de onuñ
öz paýhasyndan dömüp çykan we ýurduñ jemgyetçilik durmuşynyñ
ähli taraplaryny kadalaşdyrýan pähim. Ony siz eýýäm özleşdirene
meñzeýäñiz? – ýylan edep bilen baş atdy. – Ýurt bu iki sany mizemez düýp kanun we jenap ýoldaş Prezidentiñ ”Pähimler” kitaby esasynda edara edilýär. Haçanda halk nakyly jenap ýoldaş Prezidentiñ
pähimine öwrülende, ol kanuny güýje eýe bolýar. Şondan soñ oña
boýun bolmak hemmeler üçin hökmany.
– Men kanunlar Mejlisde güýje girizilýändir öýdüp ýörüpdirin –
diýip, okumyş ýylan özüniñ türkanalygyndan zeýrendi.
Getirilip, öñünde goýlan indiki tagamdan işdämen dadyp, Tal Tagan gürrüñdeşiniñ tüntlüginden ýiti lezzet alyp, ýylgyrdy.
– Al, börek iýip otur, edil ganlyja böwrek ýalydyr. Elleriñe gül
bitsin, Nabat! Hawa, men ýañy näme diýdim-ä?
– Kanun çykarylyşyny düşündirjek bolduñyz öýdýän.
– Hawa, pikir edişiñiz, umuman, dogry, teoriýa taýdan alanyñda,
kanunlary Mejlis çykarmaly. Ýöne bu eýýäm adamzadyñ düýnki
güni. Biz bolsa, ähli şertlilikleriñ ıüzüne tüıkürip... – Nabat Bıuro
agzasyna tüıs jaı wagty assyrynlyk bilen kagyz salfetkany uzatdy, –
...öz ıolumyz bilen öñe barıarys. Nakyl bilen ıöredip bolıan ıurtda
akyl kime derkar?! Mejlisiñ deputatlaryna el galdyrmak we çarpmak
ıaly döwlet ähmiıetli wezipeler ynanylıar. Olara kagyz doldurmagy
ynanyp bolanok. Munuñ üçin sowat gerekdigini siz añıansyñyz. Deputatlar halkyñ içinden saılanyp alynıar, ıöne halky, elbetde, jenap
ıoldaş Prezidentiñ özi belleýär. Ýagny bizde ”Halk” diýen ýörite
gurama bar. Aýlykly. Bu ýerde ýalñyşlyk howpy büs-bütin aradan
aýrylan. Norma boýunça dükanlara goýberilýän adaty iýmiti iýýän
adamlar halk hasap edilmeýär, olar garamaýaklar. Garamaýaklaryñ
sekiz gatlakdan ybaratdygyny men size eýýäm aýtdym. Ana, şol
sekiz gatlagyñ iñ ýokarkysyndan Halk Maslahatyna wekiller gatnaşdyrylýar. Olar partiýa we hökümet işgärleriniñ iñ aşaky gatlagyna
58
gabat gelýärler. Soñky gatlagyñ garrap sandan galanlaryndan ýörite
ýygnakçy ýaşulular döredilýär we olar sakgal goýbermäge borçly
edilýärler. Gizlin gullugyñ pensionerleri-de iñ soñky höweslendiriji
çäre hökmünde bu Maslahata agza saýlanylýar. Emma olar gulluk
möhleti döwründe polkownik çininden geçen adamlardan ybarat
bolmaly. Bu kanun bizde berk saklanýar we ol kiçi çinleriñ arasynda
aşa duýgur adamlaryñ gabat gelýändigi bilen baglanyşykly. Birki
ýyllykda şonuñ ýaly bäş-üç adam Halk Maslahatyna gatnaşanlaryndan soñra dyñzap gelen duýgularyna çydaman, öz-özlerini asyp öldürdiler. Görlüp oturylsa, olaryñ iñ ulusy leýtenant çininde bolup
çykdy.
– Ýazyjy-şahyrlar, jurnalistler, umuman, döredijilik işgärleri näçe
gatlakdan ybarat?
– Olar özbaşyna gatlak emele getirmeýärler. Olar toparlara bölünen
we her topar bir gatlagyñ iýmit paýyndan iýmitlenýär. Meselem,
olardan gizlin edaranyñ iñ aşaky gatlagynda hasapda durýanlary
jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşklerinden ýapyk söwda nokatlaryna
satuwa çykarylýan saýlama iýmitlerden iýmitlenýärler. Baýrak alanlary döwleti edara etmäge mysaly görnüşde gatnaşdyrylýan gatlaklaryñ haýsydyr biriniñ iýmit limitine berkidilen. Olaryñ ýagdaýy
baýragyñ derejesine bagly. Düýbünden eýesizleri Diller institutynyñ
halk döredijiligi bölümin eýeçiligine degişli. Indi siziñ öz ykbalyñyzy çözmäge wagt boldy. Siz bu ýerden gös-göni Welaýatkoma gidiñ,
iş wagty bireýýäm gutardy, ol ýerde diñe size garaşyp oturandyrlar.
Ilkinji duşuşyk mende uly täsir galdyrdy, bu kiçi zat däl!
Ýüzüne gurak ikindiniñ şemaly uranda, Musa özüniñ suwsuz şäheriñ sus köçesi bilen tutduryp barýandygyny görüp galdy. Ýylanyñ
damagyndan çykan ýaly lowurdap duran süýnmek maşyn onuñ söbügini basyp, yzyna düşüp gelýärdi. Onuñ sürüjisi Musa Çölä iñ bir
dostlukly duýgy bilen seredip, her gezek gözleri kaklyşanda, başyny
atyp dişlerini akjardyp ýylgyrýardy. Welaýatkoma gelenlerinde maşyndan çalasynlyk bilen düşen sürüji Musa Çöliniñ öñüne geçip, oña
agyr agaç gapyny açyp berdi.
– Merhemet ediñ!
Musa Çöli minnetdarlyk bildirip, salkyn koridora burnuny sokdy.
”Görsene muny, iliñ entek gerşi ýylanok, bular bolsa eýýäm salkyn
küýseýär! – diýip, ýylan öz ýanyndan haşyrdady. – Endamyny ýag
59
alanlar!” Ol gum-guklyk bolup ýatan koridorda gerekli gapyny agtaryp, esli aýlandy. Kimdir birinden salgy alaýyn diýse-de, eger-eger
adam görmedi, oña gapyny açyp beren sürüji peýdaly bolup biljekdi,
ýöne ol ýere giren ýaly niräkdir bir ýaña gürüm-jürüm boldy. Gapylaryñ käbirinden ýuwaşjadan yşyklap gören Musa Çöli salkyndan
giñiş kabinetlerden, stollaryñ üstünde çaşyşyp ýatan kagyzlardan,
otaglaryñ aýnasyndaky sowudyjy kondinsionerleriñ çynlakaý işinden
çen tutup, bu taýynyñ eýesiz däldigini bildi. Ýöne hany ol eýe? Ol
ýene-de öñe ýöredi we bir agyr gapyny itdi. Şonda otagyñ töründen
bir derwüş sypat aksakgal baba örüp, oña garşy gaýtdy. Musa Çöli
entek özüne gelip ýetişmänkä ol arzyny aýtdy:
– Meniñ Çarwa obasynda Aksakgallar geñeşiniñ başy bolasym
gelýär. Ýogsam ölenimi gowy görjek, ýöne men nädip öleýin?
Başga-da bir üýşüp duran soragy bolmansoñ, Musa Çöli oña irdegiçde bermeli ýeke-täk soragyny berdi:
– Siz nämüçin Öwezi öldürdiñiz?
Derwüş baba düşnüksiz gülümsiredi.
– Öwez ýaşamaga ukypsyz bolup çykdy. Ol döwre uýgunlaşyp
bilmedi. Onsoñ ölmese, alajy näme? Biziñki – ýetene sebäp...
– Onuñ aýalynyñ ykbaly niçik bolar?
Derwüş baba ýüzüni çytdy.
– Men näbileýin? Ol döwre uýgunlaşmaga synanyşýar, galanynam
görüberdik-dä...
Öz kowumdaşlarynyñ takdyry ýadyna düşen Musa Çöliniñ girre
gahary geldi.
– Biziñ ýolumyz aýry. Goý, her kes elinden gelenini aýamasyn: siz
meni tanañzok, menem – sizi!
Ol gapyny ýapdy-da, alagarañky koridor bilen öñe ýöräberdi. Onsoñ burçdan öwrülen ýerinde eýlekilerden has haşamly bir gapa duşdy. Açsa, içinde özüni bu jaýa salan kişi üstüne uçar gonaýmaly ýaşyl mahmal örtgüli stoluñ añry çetinde saçyny darap otyr. Ýöne indi
onuñ sürüjä meñzeýän ýeri ýokdy.
– Geliñ-geliñ! Köp garaşdyrdyñyz. Gapyny açyp beremsoñ, men siz
öz başyñyzy çararmykañyz öýdüpdim, emma edil beýle-de däl ekeni.
Kofemi ýa-da çaý? – kabinet eýesi oturgyçlaryñ birini çekip, myhmana oturmaga kömek etdi. – Hawa, olary siz haçan isleseñiz içip
bilersiñiz, ýöne häzir däl.
60
Musa özüniñ turuwbaşdan ýokary partiýa gatlagyna aralaşandygyny
syzdy. Ony iñkise goýan birje zat, gürrüñdeşiniñ öz gözlerine göni
garamakdan gaça durmagydy.
– Tal Tagan size düýn örän gyzykly baha berdi... – ýylan tasdanam:
”Nädip düýn?” diýipdi, emma diñe guraksy ýuwudynyp oñdy. –
Biziñ örän uly açyşyñ üstünden baran bolmagymyz-da ahmaldyr... –
ýag çalnan ýaly seýrek saçy bir gapdala kese daralan akýagyzdan
dolmuş welaýat eýesi her sözüne aýratyn basyp gepledi. – Elbetde,
biziñ tanyşlygymyz az, ýöne ynamymyz uly. Beýle gymmatly partiýa kadrynyñ ýolda ýatmaýandygyny her bir zatdan gowy bilýäris.
Biz sizi gözümizi ýumup işe almaga-da taýyn. Biziñ oba hojalygymyz, jenap ýoldaş Prezidentiñ merdana eginlerinde dur, biziñ hemmämiz birigibem onuñ ýüküni ýeñledip bilmeris, ýöne ähli güýçgaýratymyzy sarp etmek borjumyz. Diýmek, biziñ oba hojalygymyz
üçin siziñ gymmatly tapyndy bolaýmagyñyz-da ahmal, ony kim
bilýär? Göreli, mundan näme netije çykýar. Söz sizden!
Musa ýerinden turdy, galstugyny düzedişdirdi.
– Biz ekin meýdanyny öñküden iki esse giñelderis!
– Gowy.
– Gowaça ekişini ilden on gün ir tamamlarys!
– Ajap! Munuñ özi inisativa.
– Pagtany öñküden iki esse köp bereris!
– Bu eýýäm – wada. Tal Taganyñ ýöne-möne adama pisindiniñ
oturmajagyny men gowy bilýärin, şonuñ üçinem men sizden arkaýyn. Şeýle biri bize gerekdi. – welaýat eýesiniñ bu mylaýym sözleri Musanyñ ykbalynyñ oñyn hem çalt çözülýändigini añlatdy.
Emma bu çözgüt birneme geñsi bolup çykdy. – Biz size guwanmakçy, welaýata wepaly boluñ. Köne partiýa agzasy bolmagyñyz biz
üçin – esasy zat. Adam bolmak añsat, onuñ üçin dogulmagyñ özi
ýeterlik, ýöne köne partiýa agzasy bolmak, bu her kime ýetdirip duran bagt däl. Siz biziñ ile tüýs jaý wagtynda geldiñiz, biz häzir öz
ýurdumyzy dünýäniñ merkezine öwürmegiñ aladasynda. Ol merkeziñ biziñ ýurdumyzda bolmalydygyna jenap ýoldaş Prezident ýekejede şübhe goýmady. – ol diwardan asylgy surata elini uzatdy. Basym
bütin dünýä biziñ ýolumyzy ykrar eder. Dünýäniñ gitjek ýeri nire?
Ähli ýangyç resurslary jenap ýoldaş Prezidentiñ elinde. Atom çemodanjygy kimiñ elinde bolsa, şonuñkyda bolsun, esasy zat ýangyç
61
resurslary. Jenap ýoldaş Prezident täze asyryñ täze eýesi. Ol öz asyryna ”Altyn asyr” diýip at dakdy. Nebit-gaz ýataklary kimiñ elinde
bolsa, alty asyryñ sazyny-da şol buýrar! Ol saz kimiñ gulagyna ýakmasa, goý, özünden görsün!
Biziñ günlerimiz – erteki: jenap ýoldaş Prezident öz halkyny asyrlaryñ tümlüginden çykaryp, ýagty geljege ullakan ewolýusion ädimler
bilen alyp barýar. Rewolýusiýalardan biz öler ýaly ýadadyk, bes! Bu
illerde rewolýusiýanyñ ömri tükendi. Indi ewolýusion özgerişleriñ
zamany geldi. Dek düýn! Siziñ bagtyñyz getirdi, siz uzaga gidersiñiz! Bizde ilki kolhozlar, soñra daýhan birleşikleri, soñra kärendeçilik, soñra potratçylyk ýatyryldy. Indi obalar müdirlige öwrülýär.
Men sizi Çarwa obasyna müdir edip belleýärin. Eýsem nämüçin bellemeli däl? Siziñ gelşiñiz meni haýran etdi, beýle-de bir şowly ýöriş
bolar ekeni! Biz size ewolýusion okgunlylygy we barlyşyksyzlygy
öwrederis. Bu ýolda biz hiç bir zady gaýgyrmakçy däl. Adam resurslary entek ýeterlik. Esasy zat – öñde goýlan ewolýusion maksat!
Jenap ýoldaş Prezident biziñ halkymyzy diñe özüne görünýän örän
aýdyñ ýol bilen romantiki belentlikleriñ ebedi doñaklygyna alyp
barýar. Ol şeýle diýýär: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Halkyñ
bu gününi we geljegini şundan aýdyñ kesgitläp bolarmy? Elbetde,
ýok. Bu kesgitlemä hiç zat goşmak-da, aýyrmak-da mümkin däl,
ýagny gadagan! Boýun egmeli we öñe gitmeli! Biziñ düşünişmäge
wagtymyz ýok, bes! Indi biz hiç kesi diñlemekçi däl! Biziñ elimizde
jenap ýoldaş Prezidentiñ yglan eden ”Üç Ýyllyk Gümbaşlyk”, ”Bäş
Ýyllyk Ümsümlik”, ”On Ýyllyk Asudalyk” Programmalary bar. Olar
hem geljekde Ählumumy Dymyşlyga we Baky Jennete ösüp geçer.
– Gowaçadan başga zat ekse bolmazmyka? – Ýylan ikirjiñlenip
sorady.
– Elbetde, bolar. Isle, temmäki ekiñ, isle-de – banan. Ýöne tabşyranyñyzda – pagta tabşyrsañyz bolany.
– Nämüçin?..
– Sebäbi pagtanyñ häkimligi biziñ öñde goýan maksadymyza dogry
gabat gelýär. Gep ekinde däl, halky edara etmekde. Halka şeýle bir
ekin ekdirmeli, onuñ üstüne mydama edil uruş düşen ýaly bolmaly,
ýagny hiç zada, aýratynam özi hakynda pikir etmäge eli degmeli däl.
Asla onuñ pikirlenmäge wagty bolmaly däl! Pelsepe hergiz döwletiñ
düýbuni opurýar. Halk bolsa, sähelçejik wagt tapsa, pelsepe otarm62
aga görin. Ertir irden oba git, adamlary yzyña düşürip, ýeñişlerden
ýeñişlere äkit! Goý, seniñ ýoluña jenap ýoldaş Prezidentiñ gözüñi
gamaşdyryjy şöhlesi ýagty saçsyn! – soñky sözlerini ýerinden ör
turup, dabara bilen aýdan welaýat eýesi Musanyñ gulagyna etlek
dodaklaryny degrip, diñe onuñ özüne eşitdirip: – Ýöne men saña
birjigem ynanamok... – diýip, gyzgyn pyşyrdady.
Welaýat eýesiniñ bu sözleri eýýäm bu jaýda hyñ berýän häkimligiñ
işgärleriniñ gürrüldili el çarpyşmasyna ýakymly garylyp gitdi. Musa
minnetdarlyk bilen baş egip, Hojam Şükürowiçiñ pamyk ýaly ýumşajyk ak ellerini öz uzyn barmakly penjesi bilen işdämen gysyp hoşlaşdy-da, daşaryk çykdy. Ol welaýat häkimliginiñ gapysynda durup,
daşyna gedemlik bilen göz aýlady. Şäher kaýyllyk bilen dem alyp
ýatyr, adamlaryñ sussy basyk, eginleri gysyk. Olar töweregi fontanlaryñ zynjyry bilen gurşalyp, ýaz, tomus, güýz aýlary salkyn gülli
atyzlara çümýän kaşañ jaýyñ ýanyndan tükeniksiz ýazykly boýunlaryny burup geçip barýarlar. Bu jaýyñ töwereginde şowhun turuzýanlar diñe üme düşmez serçeler. Başga ýerde suwsuzlyk olara wehim
salansoñ, olar bu bagyñ eýeleriniñ şanyna saýraýarlar. Guşlar adam
däl, olar jokrama yssyda suwsuz hem iýmitsiz ýaşap bilenoklar.
Musa sowuk gözleriniñ jübüt tegelegini siññin dikende, serçeleriñ
sürüsi şahadan şaha böküp, jürküldeşip, oña golaý-golaý geldi. Olaryñ käbiri eýýäm onuñ hut gözleriniñ öñünde pelpelleýärdi. Zeýrenç
gatyşykly süýji jürküldi bilen agzyna ýakynlaşyp gelişleri diýseñ
ýakymlydy. Musa lezzet bilen towlanyp, birdenem batly owsun atdy.
– Ah, siz süýjüjeler! Siz asyl bu ýerdemi?..
– Nämejik diýdiñiz?.. – onuñ arkasyndan usullyk bilen gelen goja
bagban piline söýenip durşuna geñirgenip sorady.
– ”Hüş-şt!“ diýdim. – Al-da-jylar! Ahmal bolsañ, gözüñi çokjaklar!
Musa Çöli bu ýerden derrew garasyny saýlamak bilen boldy. Elbetde, ”hä” diýmänem, entek oñly diýen etmäni öwrenmedik aýaklary
ony bazara eltdi. Çünki gadymy şäherde hemme ýollar bazara getirýär. Wagt ikindine golaýlap, bu ýeriniñ mähellesi-de günortankydan has köpdi. Bu gezek ol bazara barmadyk bolsa gowy boljakdy,
emma ýalñyşjagyñ gözi batyl, ol bazara ýañadandan girdi we adamlaryñ arasyndaky ilkinji gödek ýalñyşyny goýberdi. Sebäbi iki ädim
ätmänkä, gözi düýnki söwdägär gelne düşdi we ar almak islegi döredi. Haýsydyr bir bazarçynyñ özüni aldamagyndan gatyrganan ýylan
63
sowuk gedemlik bilen gelne garşy ýöredi, baryp, onuñ üstüne süründi.
– Nämüçin meni aldadyñyz? Siz adammy ýa-da ýok?
Gelin dodagyny ýigrenç bilen çömmeldip, onuñ ýüzüne aýratyn
äwmezeklik bilen seretdi.
– Size kim diýerler? Men sizi tanabilmedim-le?
– Hany, meniñ pullarym? Olary yzyna beriñ, ýogsam meniñ gaharym geler!
Ýylan gelniñ garaklaryna tiñkesini dikip, ony sowuk gözleriniñ ody
bilen daglady. Gelin ilki bir aljyrajak ýaly etdi, emma derrew özüne
gelip, ters aýlandy-da, ýylanyñ gözlerinden sypdy we bada-bat uly
gykylyk turuzdy.
– Dat, talañçy gelendir-uu! Gündiziñ günortany, ýetişeweriñ-uu!!
Bu gykylygy eşiden bazarçylar ýerli-ýerden sütemkäriñ üstüne topuldylar. Ýylan, bir görse, bazarçylaryñ ýekedaban ýaly ýumruklary
galgaşyp, onuñ süýr depesinde inip gelýär, sähelçe eglense, atarabanyñ aşagyna düşenden enaýy etjek däller. Rejäniñ geñ däldigini gören okumyş ýylan ”assa gaçan namart!” diýip, adamlaryñ arasyndan
sümlüp, zut gitdi. Gykuwa ökde bazarçylar onuñ yzyndan ”ýetdimýetdim!” edip, uzak kowdular. Iñ öñde-de bazarçy gelin.
– Tutuñ ilden çykan azgyny! – ol uly ili bilen gygyrýar. – Onuñ
menden algysy barmyş! Añkasy aşan lakaşa! Señ ýürejigiñ näme
küýseýänini bilýän ýokdur?! Tutuñ ony, ikini islemez ýaly ediñ!
Kepjebaş şeýle bir dowla düşdi welin, ol tä şäherden çykyp,
özüni adam-garasyz harabalaryñ içine urýança ynjalmady.
Kowgudan gutulandygyna ymykly göz ýetirensoñ, ol bukusyndan çykyp, ozal gowuny taşlap gaýdan ýerine garşy ýöneldi.
Baryp, gowunyñ üstünde bir silkindi-de, gaýtadan öñki ýylan
keşbine girdi we çöp-çalama siñip gitdi. Gün ýaşansoñ bu töwerekde adam bolup, elkin ýatmaga batyrlyk edip bilmedik
ýylan bu gijäni şäheriñ alkymyndaky köne ýykyk harabada
galagop geçirdi; ýöne onuñ adamlardan öýkesi welin uzyn gije
egsilmedi.
64
4. Harabadan çykan häkim
Dañdanyñ şapagy gyzaryp, köne harabanyñ gerişleri ot alanda, Kepjebaş köne galanyñ ýoñsuz jaýrygyndan kellesini çykaryp, düzüñ
içinden tozan turzup gelýän ýeñil maşynyñ ýoluna tes-tegelek gözleriniñ sowuk jübütini dikip ýatyrdy. Bu ulagyñ hut öz yzyndan
gelýändigini anyk bilende, ýylanyñ gözlerindäki sowuk gedemligiñ
ody uludan ýandy we az wagtlyk-da bolsa, adamlara bolan düýnki
öýkäniñ üstüni doly basdy. Ol alkymyny çişirip, tarp urdy, ýatan
jaýrygy göwresine dar göründi. Ýylan edil adamlar ýaly öz-özüne
guwanyp, wagt ýitirdi, şeýdibem ýoluna garap ýatsa-da, ýeñil maşynyñ nädip alkymyna gelip ýetenini bilmän galdy. Maşyn onuñ çakyndan ýyndam bolup çykdy. Orta boýly, daýanykly sürüji ýigit
maşyndan düşdi-de, eýlesine-beýlesine ýaltaklap, gala garşy gaýtdy.
Ol galanyñ gädiginden içine girende, göze ilmezlik üçin jaýrykdan
çykyp, galanyñ daş ýüzüne sallanmasa, Kepjebaşyñ dagy alajy galmady. Galanyñ içinde adam-gara görmänsoñ, gözüne inen deri eliniñ
tersine sylan sürüji ýene-de daşyna çykyp, galanyñ töwereginde köw
urmaga başlady. Täze başlygy nämüçin köne harabadan gözlemelidigine düşünmese-de, ol bu işi gowy gördi. Umuman, oña näme iş
tabşyrylsa, ol şony-da gowy görmegi başarýardy. Häzirem özüne
tabşyrylan işiñ aýratyn lezzeti onuñ gözlerinde möhüm alamat bolup
köredi.
Bu wagt edil ”bukuldym” oýnuna gyzygan ýaly iñ ýakyn jaýrykdan
ýañadan yzyna, galanyñ içine sümmäge ýetişen Kepjebaş buljum
ýerde suwlunyp gowundan çykdy-da, bir silkinip, şol demde adama
öwrüldi. Bu taýdan ”ýitigini” taparyn umydyndan eýýäm el üzen
sürüji ýagly papagyny mañlaýyna çümrüp, maşyna tarap ýöräberende, edil ýeriñ aşagyndan çykan ýaly garşysynda duýdansyz peýda
bolan şilliñ uzyn bugdaýreñk kişä gözi düşende, allaniçigsi bolup
gitdi. Onsoñ ol geñ galandygyny gizlejegem bolup durman:
– Görsene, men harabanyñ içini-daşyny birlaý aýlandymmykam
diýdim welin, beýle däl ekeni! Siz nireden çykdyñyz? – diýdi.
Adam keşbine giren ýylan muña hezil edinip, özüniñ entek bu sürüjä tanyş bolmadyk ýylgyrmasy bilen aýratyn sowuklaç ýylgyrdy.
65
– Şuş-ş-şu taýdan! Bar, senem kelläñi sokup gör, sygarmyka? Näbileýin-dä, seniñ gulaklaryñ päsgel beräýmese, olar gözilginç uly görünýäler...
Müdiriñ äheñini ýüzüne alman, gözilginç inçe barmagyñ uzan gapdalyna ser salan sürüji muña degişme diýip düşündi we görkezilen
ýarçygyñ ýanyna baryp, oña kellesini sokandan bolup, batnyksyz
kikirdedi.
– Beýle dar ötükden geçmek kyn iş. Munuñ üçin okuwyñ güýçli
bolmaly, ýogsam menem nyzamly goşunda gulluk etdim, ýolda ýatan
çöp däl, emma alajyñ nä, güýçlä boýun bolmak – merdiñ işi. Men
tertip-düzgüne endik eden adam. – ol garnyny içine çekip, ykjamlandy. – Essalawmaleýkim, ýoldaş müdir! Meniń adym Ţaly. Buýruñ!
Köne galanyñ ýylmanak burçundan onuñ degişmesine ýigrenç
keýpi bilen seredip duran ýylmanak kişi oña öz äheñinde jogap
gaýtardy.
– Hany, onda sür bakaly oba garşy!
Üsti brezent örtgüli ýeñil maşyn düzüñ içinde bat alyp ugrady.
Musa Çöli öten gije alaka awlan ýerlerine gözüni aýlap, süýjülik
bilen gerindi. Tümmekleriñ biriniñ añrysynda görnüp giden atýalmanyñ yzyndan tasdanam bütin göwresi bilen ümzügipdi, ýagşy wagty
özüne gelip, saklandy. Kabinadan sallanyp barýan göwresini yzyna
çekip:
– Bolmaz! – diýip, dişlerini gyçyrdatdy.
– Näme bolmaz, ýoldaş müdir?
Şaly buýrulan her bir ýumşa taýyn görnüşde garnyny içine çekip,
kesgin sorady. Mañlaýyna sowuk der gelen Musanyñ gahary tegelejik gözlerinden agsam diýdi, ýöne sesi welin, sowukganly çykdy.
– Býuronyñ kararyny bozmak, jenap ýoldaş Prezidente ikilik etmek
bolmaz!
Sürüji garnyny öñküden-de beter içine çekdi.
– Elbetde. Ýöne Gulluş Býuronyñ kararyny bozdy. Bu-da jenap
ýoldaş Prezidente dönüklik etmek bolýar, şeýle gerek?
– Şş-şeýle! Şş-şonuñ üçinem ol indi hiç kim.
Şaly öñki başlygyna köneden duşmançylygy bar ýaly hezil etdi.
– Ýok, hiç kim däl, hiç zat! Hiç kim bolanda – biz bolýas, ýagny
gowy adamlar. Biziñ bahamyzy diñe jenap ýoldaş Prezident kesgit66
läp biler, – ol ýene-de garnyny içine çekdi. – Emma Býuronyñ kararyny bozmaga milt eden – hiç zatdyr!
– Seniñ syýasy taýýarlygyñ hiç-neneñ däl – diýip, ýylan edil sarysy
gaýnaýan ýaly ýüzüni çytyp belledi. – Maşyny göni kantura sür, bize
Tal Tagan garaşýandyr.
Oba kontorynyñ öñünde guma bulaşyp oturan daýhanlar maşynyñ
tozanyny deñ-derman paýlaşyp ýuwutdylar. Täze müdir maşyndan
suwlunyp düşdi-de, Býuro agzalarynyñ ýanyna baryp, edep bilen
salamlaşdy.
– Hormatly Musa Çöli, ýap-ýañyja daýhanlar sizi biragyzdan oba
müdiri edip saýladylar. – Tal Tagan oña garşylarynda agyzlaryny
öweldişip oturan daýhanlary görkezdi. – Bu üstünlik bilen men sizi
jenap ýoldaş Prezidentiñ we Býuronyñ adyndan gutlaýaryn! – Tal
Tagan çeýe müdiri şelaýyn gujaklap durşuna, onuñ egniniñ üstaşyry:
– Näme soragyñyz bar? – diýip, banket jaýyna ugramanka halkdan
berk sorady. Halk uludan demini aldy. – Onda ýygnak gutardy, işliişiñize dargañ. ”Ek!” diýlende, ekip, ”Or!” diýlende-de, ilden yza
galmajak boluñ!
– Onda bu pasyllary nätmeli borka: gyş diýdi, ýaz diýdi, güýz..?
Märekeden çykan bu ýöwsel sesi Býuronyñ agzasy tutuk äheñde
ýoldy.
– Jenap ýoldaş Prezident bu meseläniñ üstünde häzirki wagtda çynlakaý işleýär. Bu ugurdan ol eýýäm ylymlaryñ doktory, akademik
boldy! – oturanlar ör turup, el çarpyşdylar. – Basym bizde tomus
bilen güýzüñ ýeri çalşyljak. Bu hakda bu gün-erte perman çykar.
Şonda oba hojalygynda uly öñegidişlige garaşylýar. Sebäbi, Permana
laýyklykda, ýazdan soñ öñküsi ýaly tomus däl-de, eýsem gös-göni
güýz geler. Netijede ýañyja ekilen hasyly wagt ýitirmän, ýygnamaga
mümkinçilik dörär. Gör, nähili elpe-şelpelik! Haýsy ýurtda şunuñ
ýaly adalatly kanun bar?! Haýsy ýurtda şunuñ ýaly mesçilik bar?!
Gepläñ! – daýhanlar özlerinden näme talap edilýändigine oñly düşünmeseler-de, ätiýaçdan güýçli el çarpyşdylar. – Bu girizilýän täzeligiñ berjek netijesi – köre hasa. Diñe gözli körler, göripler hem içi
kitüwliler ony görüp bilenok. Bu oñaýly täzelige garşy gitmek –
jenap ýoldaş Prezidente garşy gitmek! Bu-da öz gezeginde – emen
ene süýdüñe dönüklik etmekdir! Emen ene süýdüne dönüklik edýänlere nälet bolsun!
67
– Nälet! Nälet! Nälet! – diýşip, daýhanlar gorkudan ýaña uly hyjuw
bilen gygyryşdylar. – Ýaş-şasyn! Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident!
Býuronyñ agzasy öz işinden hoşal bolup ýylgyrdy. Onuñ sesinde
günä geçijiniñ äheñi bolluk bilen çawup gitdi.
– Diýmek... basym howanyñ bellisi bolar. Mundan öñ jenap ýoldaş
Prezidente: agaç ekseñ, ýere kölegesiniñ düşýändigini subut etmek
we kölegelerden iñ ýokary ylmy derejäni almak başartdy. Biziñ ýurdumyza ilkinji kompýuteriñ gelip düşmegi bilen ol ýakynda
kompýuter ylymlarynyñ akademigi diýen ada mynasyp boldy. Bu
mynasybetli-de oña üçünji gezek öz adyndaky ”Prezidentiñ ordeni”
bagş edildi. Bu ordeniñ dakylmagy mynasybetli oña on ýedinji gezek
”Halk Gahrymany”, on sekizinji gezek ”Hormatly il ýaşulusy” atlary,
sekiz ýüzünji gezek ”Adalat” we dokuz ýüz ellinji gezek ”Ynsap”
ordenleri berildi. Emma halkymyzyñ talaby gün-günden ösýär, ol
indi jenap ýoldaş Prezidentiñ mukaddes adynyñ Aýa, Güne we Muhammet pygambere dakylmagyny isleýär. Ýurdumyzda ýaşaýan
saýry milletleriñ göwnüne degmezlik üçin dini başgalaryñ çokunýan
Isa pygamberine jenap ýoldaş Prezidentiñ ene-atasynyñ adyny dakmak karar edildi. Bu meselede zähmetkeşlerden gelýän teklipleriñ
yzy üzülenok. Üzülmezem. Býuro muña güwä geçýär. Ýöne biz bu
teklibe Isa pygamberiñ özüniñ näme diýjegine garaşýarys. Daş gulakdan eşidişimize görä, ol basym resmi wizit bilen bu dünýä ikinji
gezek gelmeli. Pursatdan peýdalanyp, jenap ýoldaş Prezident onuñ
bilen nahar başynda duşuşmakçy. Isa pygamberiñ beýle hormatdan
boýun towlamajagy belli. Bu hakda biz Býuroda giñişleýin maslahat
etdik we şeýle karara geldik. Ýagny Çarwa obasynyñ daýhanlarynyñ
umumy ýygnagynyñ adyndan edil häziriñ özünde Isa pygambere
jenap ýoldaş Prezidentiñ mähriban ene-atasynyñ adyny dakmak barada biragyzdan teklip kabul edilmeli! Garşy? özüni saklan? Ýok.
Teklip kabul! Ajap! – daýhanlar ör turup, elhenç gürrüldi bilen el
çarpyşdylar. Bu gürrüldä obanyñ şyrrygy çykan tamlarynyñ iñ soñky
suwaglary-da paýrap ýere döküldi we haçandyr bir wagt zoraýakdan
çig kerpiçden bitelik edilen diwarlaryñ betnyşan süññi göründi. Býuronyñ ideologiýa boýunça sekretary dowam etdi: – Onda bu günden
beýläk hristian hudaýy Isa pygamberiñ adyny şeýle tutmaly: ”Jenap
ýoldaş Prezidentiñ ene-atasy adyndaky Isa pygamber!” – dilden68
agyzdan galan märekäniñ el çarpyşmasyndan töwerekde göterilen şor
tozan köwsarlap yzyna geldi-de, daýhanlaryñ öz gözüne girip, gözlerini awuşatdy. Tal Tagan üsgürinjiredi: – Ýagny bu bolsa, biziñ halkymyzyñ ýurdumyzdaky dini başgalara edýän sylagynyñ şübhelenip
bolmajak subutnamasydyr. Şübhelenmäge synanyşanlara ýurdumyzyñ Jenaýat Kodeksiniñ bir ýüz ýetmişden başlap, tä iki ýüz ýetmişinji maddasyna çenli aralykda iş kesilýär. Biziñ Garaşsyz Demokratik ýurdumyzda her adama howa ýaly zerur beýle maddalaryñ uly
toplumy gije-gündiz halkymyzyñ hyzmatyndadyr!
Daýhanlar ýene-de gürrüldili el çarpyşdylar. Karar jenap ýoldaş
Prezidente tassyklanmaga iberildi. Ol paýtagtdan tassyklanyp yzyna
gelýänçä prezidiumdakylar märekäniñ gözlerine gözlerini dikip,
sarsman garaşdylar. Karar tassyklanyp, paýtagtdan yzyna gelende,
Býuro agzalary daýhanlary bu ullakan syýasy ýeñiş bilen gutlap,
banket zalyna ýörediler. Ol ýerde Býuro agzalaryny oba müdüriniñ
medeniýet boýunça orunbasary Abat oba gelin-gyzlary bilen gujak
açyp garşylady. Banket saçagynyñ bezelişi hyzmatyñ ýokary derejededigini görkezdi. Welaýat merkezinden getirilen ir-iýmişleriñ hemmesi saçagyñ üstüne düzlüpdir. Iýgi-içgi başlandy.
Musa Çöli özüni Býuro agzalarynyñ içinde görüp, dylym-dylym
etdi: gidişi hiç neneñ däl. Emma ol il deñinde saçagyñ başyna geçip,
bir dogramça eti ýañy agzyna eltendirem welin, Býuro agzasy Tapyndyew syçrap ýerinden turdy-da, gelip, oturanlaryñ gözüniñ alnynda onuñ bokurdagyny bogup, uly ili bilen heñkirdi.
– It ogly! Sen özüñi kimdir öýdýäñ?! Aýnadan daşaryk seret! Jenap
ýoldaş Prezidentiñ mähriban halky bir döwüm çörege zar bolup,
köçede gultunyp durka, neneñ edip, seniñ bokurdagyñdan iýmit
geçýär?! Biz saña halkyñ aladasyny nädip etmelidigini öwrederis, tur
ýeriñden! otur aşak! tur! otur! tur! otur! tur!..
Haraý isläp, Tal Tagana delmuryp sereden Musa Çöli öz howandarynyñ adam bedenine aýratyn ýakymly zeýtun ýagyna haýal otda
gyzardylyp gowrulan jüýje butjagazlaryny gizlin duýgudaşlyk bilen
işdämen sümrüşini gördi. Onuñ özüne garşy çalaja baş atmasyndan
”gaýrat et!” diýen manyny okap, zäherli ýylgyrdy. Onsoñ çalt oturyp-turmakdan ýaña daljygara gelen müdir tä Býuronyñ agzalary
iýip-içip bolýançalar dik aýak üstünde garaşdy. Iýmitden keýpini
köklän Býuro agzalary oña gyñralyp, owadan gülli süpürgiçlerini
69
boýunlaryna çoladylar-da, oba gözelleri bilen ýapda ”öw-hä” atyşmaga gitdiler. Olaryñ şadyýan sesleri basym akaryñ boýundan eşidildi. Müdiriñ göwnüne bolmasa, ýaş oba gelin-gyzlary oýunda olardan asgyn geldiler. Ol boýnuny süýndürip, güzere garşy bakgaryldy,
göwnühoş ýylgyrdy. Emma onuñ begenji uzaga çekmedi, salkynlap
gelensoñlar, Býuro agzalary obada görelde ýygnagyny geçirip, Musa
Çölä daýhanlaryñ öñünde kellesini ýalañaçlatdylar. Ýygnagy Tal
Taganyñ hut özi alyp bardy. Ol süýem barmagyny täze müdire çommaldyp öñe çykdy.
– Jenap ýoldaş Prezident biziñ gadymy topragymyzyñ üstünde garaşsyzlygyñ hem özboluşlylygyñ, erkanalygyñ hem işeññirligiñ,
söýgüniñ hem gujur-gaýratyñ düýbüni tutýan, ösdürýän hem kämilleşdirýän wagtynda onuñ mukaddes ynamyndan haýynlarça peýdalanmaga ymtylýan päliýamanlaryñ ýurdumyzyñ içinde sümsünip
ýörendigini biz bilýäris. Ine, siz bu adama serediñ! Jenap ýoldaş
Prezident oña uly ynam bildirdi, siziñ obañyza müdir belledi. Bu
diñe ynam däldi, eýsem şol bir wagtyñ özünde talap we buýrukdy,
halky bol-elin durmuşa ýetirmek baradaky berk görkezmedi. Musa
Çöli şol mukaddes ynamy, talaby, buýrugy ödedimi? Nebsimiz agyrsa-da, biz bu soraga ”ýok” diýip jogap bermeli bolýarys. Musa Çöli
jenap ýoldaş Prezidentiñ mukaddes ynamyndan ters peýdalandy we
öz işinde düýpli kemçiliklere ýol berdi. Siziñ her biriñiz öz durmuşyñyzyñ mysalynda bu tetelli adamlar üçin munuñ öñden gelýän
ýörelgedigini bilýänsiñiz. Hawa, bu tetelliler jenap ýoldaş Prezidentiñ halk barada gije-gündiz edýän atalyk aladasyny püçege çykarýarlar. Eger-de Musa Çölüler aýakbagy bolmasady, onda jenap ýoldaş
Prezident öz mähriban halkyny başbitin bireýýäm jennetden çykarardy. – diliniñ aşagyndan gan aldyrjak dek irikgä bolup oturan märeke
bu ýerde dabaraly el çarpdy we özüniñ nämedir birzatlar añjak
bolýandygyny aýan etdi. Tal Tagan ”köşeşiñ” diýen manyda elini
galdyrdy. – Bu ýerde diñe ýekeje teklip orta atylyp bilner: ýagny
jenap ýoldaş Prezidentiñ mukaddes ynamyny bihaýalyk bilen ýere
çalandygy üçin Musa Çölini Çarwa obasynyñ müdiri wezipesinden
boşatmaly! Kim-de kim bu teklibi goldasa, elini galdyrsyn! garşy?
özüni saklan? Köpçülik teklibi biragyzdan goldaýar. Elbetde, bu
başgaça bolup-da bilmez. Çünki jenap ýoldaş Prezidentiñ islegi –
halkyñ islegi! Eý, bihaýa Musa Çöli, sen işiñden boş!
70
Daýhanlar nämüçindigini oñly bilmeseler-de, täze müdiri añrylarynyñ almandygyny añdyryp, bu gezek tüýs ýürekden ätiýaçly el çarpyşdylar.
– Ýaşasyn jenap ýoldaş Prezident!
Tal Tagan daýhanlar el çarpyp bolup barýarka howlukman ýerinden
turdy.
– Býuronyñ her bir başlangyjyny gyzgyn goldaýandygyñyz üçin
men siziñ hemmäñize aýratyn minnetdarlyk bildirýärin. Gürrüldili el
çarpyñ! – gürrüldili el çarpyşyk. – Hawa gadyrdan halk, eziz daýhanlar! Biziñ ýurdumyzda adalat her ädimde dabaralanýar, jenap ýoldaş
Prezidentiñ ýiti gözlerinden hiç bir zat sypyp bilmez. Muña siz edil
şu wagt Musa Çöliniñ mysalynda ymykly göz ýetirensiñiz. Düýpli
kemçilik goýberen badyna, ol derrew degerli temmisini aldy. Biziñ
ýurdumyzda hakykat, hak iş ýene-de bir gezek hemmämiziñ gözümiziñ alnynda dabaralandy. Geljekde-de hut şeýle bolar!
Emele çolaşan ýylan ejizledi. Ol süýrenip öñe çykdy-da, Býuro
agzalarynyñ öñünde dyza çökdi.
– Men jenap ýoldaş Prezidentiñ öñünde baky günäli!
– Ajap! Onda indiki mesele. Bilşiñiz ýaly, Çarwa obasyna täze müdir bellemeli. Bilşiñiz ýaly, biziñ ýurdumyz adyllygyñ öýjügi we
biziñ hiç bir adamynyñ ykbalyna ýüzleý garamaga hakymyz ýokdur.
Eger-de biz diri adamlarda häli-şindi duşup duran uşajyk säwlikler
üçin gymmatly partiýa kadrlaryny ýele sowursak, olaryñ ýüzüne
ursak, onda biz hiç haçan jenap ýoldaş Prezidentiñ biziñ öñümizde
goýan belent maksadyna ýetip bilmeris. Biz kowalarys, maksat
gaçar! Biz ýel bolup ýüwürsek, ol salgym bolup bizden arany açar.
Diýmek, jenap ýoldaş Prezidentiñ belent adamçylygyndan, geçirimliliginden ugur alyp, onuñ arzuw-isleglerinden gelip çykýan ýörelgeden ýöräp, onuñ talabyny gyşarnyksyz ýerine ýetirip, men Býuronyñ
adyndan siziñ obañyzyñ müdiri wezipesine köne partiýa işgäri, çeýe
hem çalasyn, öz geljegine uly umyt döredýän Musa Çölini saýlamagy teklip edýärin! Çünki gündiz eliñ çyraly gözläñde-de, bu çöllük
obada onuñ ýaly tejribeli partiýa kadryny, mynasyp ýolbaşçyny tapyp bolmajagy zähmetkeşlere aýdyñ. Tapylaýanda-da ol biziñ döwletimiziñ bähbidine bolmaz. Üstesine-de, jenap ýoldaş Prezidentiñ
kadrlar babatyndaky berk hem üýtgewsiz syýasatyna zarba urlar.
Geliñ, bu ýerde onuñ beýik ýörelgesini ýada salalyñ: ”Adam wag71
tyndan öñ ölüp bilmez!” Eýsem, kimdir biriniñ ýap-ýañyja eýeläp
oturan jogapkärli wezipesinden sen-men ýok tüwdürilip goýberilmegi onuñ ölümine getirip bilmezmi? Elbetde, biler. Siziñ hemmäñiz
çöregi agzyñyzdan iýýänsiñiz diýip, umyt edýärin. Adam ykbalyna
gezek gelende, biziñ sowuk-salalyk etmäge hakymyz ýokdur. Ana,
şonuñ üçin-de, ýokarkynyñ beýik syýasatyndan gelip çykýan çuññur
adamçylykdan ugur alyp, siziñ obañyzyñ müdirligine men Býuronyñ
adyndan Musa Çölüni teklip edýärin! Häzirki jogapkärli döwürde bu
wezipä diñe ýekeje mynasyp kandidaturanyñ bardygy düşnüklidir.
Muña garşy gidýän her bir hereketiñ, içki pikiriñ biziñ bähbidimize
ters gelýändigini ýeriñ giñinde duýduryp goýmagy öz borjum hasaplaýaryn. Jenap ýoldaş Prezident beýikdir, adalatlydyr we geçirimlidir. Kim-de kim öz ýalñyşyna düşünip, toba etse, onda ol adam üçin
durmuşyñ hözüri gutarmaz. Musa Çöli meselesinde siz, ine, muña
aýdyñ göz ýetirdiñiz. Ol gedemlik edende, bada-bat berk temmisini
aldy, emma öz etmişine düşünip, toba gelende, onuñ agyr günäsi
günübirin geçildi. Indi Musa Çöli üçin ýülünmegiñ diñe birje ýoly
galdy, ol tä iñ soñky demine çenli jenap ýoldaş Prezidente wepaly
hyzmat etmeli bolar.
– Iñ soñky demime çenli jenap ýoldaş Prezidente wepaly hyzmat
ederin!
Býuro agzalary ýerlerinden turup, Musa Çöli bilen bir-birden gujaklaşyp, mähirli görüşdiler. Bu adatdan daşary ýakynlygyñ güýçli täsirine düşen daýhanlar:
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident! – diýşip, uly oran bilen
aýylganç tolgunyşyp gygyryşdylar.
– Onda näme – diýip, Tal Tagan ýygnanyşygy saldamly jemledi: –
Işli-işiñize dagañ, Býuro ýadady.
Býuro agzalary welaýat merkezine ugransoñlar, müdiriñ medeniýet
işleri boýunça orunbasary Abat başlygynyñ ýüreginiñ näme
küýseýändigi bilen çuññur gyzyklandy. Uzaklaşdyrman, pelteli çyranyñ ýagtysyna işek goýnuñ başyna ýetildi. Müdir islegli iýmitini
ýuwudyp, ýumşak düşegiñ üstünde süýndi.
Ertesi irden kontora gelip, gapysynda ”Müdir” diýlen ýazgyly kabinetiñ bosagasyndan çalasyn ätlän Musa Çöli otagyñ törüne göz
aýlap, gapyda az wagt owsun atyp eglendi. Üsti gymmatbahaly mata
örtgüli giñiş stoluñ añrysyna geçip oturmazdan ozal ätiýaçdan onuñ
72
daşyndan iki-üç gezek aýlanyp çykdy. Soñra gelşiklije düwmä gözilginç uzyn süýem barmagyny ýetirdi. Dessine gapy açyldy-da, sekretar gyz eli üsti gök çaýly, erik kişdeli götergili seýkin basyp, otaga
girdi. Gyzyñ götergini müdiriñ öñünde goýşy-da, owadan gülli käsä
edep bilen ajy gök çaý guýşy-da, näz bile gyýa garaýşy-da, müdiriñ
kabinetini Býuronyñ öten agşamky banket zalyna meñzedýärdi. Bu
wagt ullakan aýnalaryñ añrysynda gündizligiñ lowurdap duranlygy
diýäýmeseñ, başga tapawut göze ilenokdy.
– Noş bolsun, ýoldaş müdir, içiñ!
Gyz sallanyp, çykyp gidiberjek boldy welin, çaýly çäýnek bilen
erik kişdesine ýüzüni turşardyp sereden Musa Çöli süñksüz süýem
barmagynyñ yşaraty bilen ony duruzdy.
– Göwnüme bolmasa, men seni öten agşam folklorçylaryñ arasynda
gördüm.
Utanjyndan az-kem gyzaranda, gyz aýratyn owadan göründi.
– Tans etmesem, läle kakmasam, men salkyn kölegede jenap ýoldaş
Prezidente, döwletimize näme peýda getirip bilerin? Kişdäñiz gutarsa, düwmäni basaweriñ!
Bu demde kellesine üýtgeşik bir pikir gelen oba müdiri häzirlikçe
onuñ üstüni basyrdy-da, gyza aýratyn hoşamaýlyk etdi.
– Bu görküñiz bilen siz jenap ýoldaş Prezidente we döwlete näçe
isleseñiz, şonça-da peýda getirip bilersiñiz. Ýöne bu iýmişler bilen
meniñ ugrum ýokdur, olary äkidiñ-de, özüñizjik tamşanaýyñ! – gyz
göterginiñ çetinden tutan badyna-da ol başga pikire geldi. – Hany,
dur entek... Eýsem, çaý içmek müdirleriñ adatymydyr?
– Müdirleriñ adaty indi döremeli. Başlyklaryñ adaty şeýledi. Onsoñam ajy gök çaý hergiz gaharyñy ýuwutmaga gowy. Işiñ ýagdaýy
şeýle. Myhman-mediwan gelse-hä gündiz ugruna gök çaýdan gowy
zady tapjak gümanyñ ýok. Mineral suw bilen düýe çal bolaýmasa.
– ”Myhmanyñ” düşnükli, ”mediwanyñ” näme?
– Çagyrylyp gelen-ä – myhman, onuñ ýanyna daklyşyp gelenem –
mediwan bor, ýoldaş müdir!
– Düşnükli. Hiç zady üýtgetmegiñ geregi ýok, goý, hemmesi öñküligine galsyn! – gyz sallanjyrap, ýene ýöräberjek boldy. – Ỳok, dur
entek, bu-da hemmesi däl. Bar, aýt, ş-şu günden başlap meniñ günortanky damagyma elin soýlan işek goýnuñ ganlyja böwrekleri gelsin!
Çigligine. Ýylysy sowamanka!
73
Bu buýrugy eşidende, ýaş gyz müdiriñ tegelek ýiti gözlerinde
üýtgeşik bir oduñ ýanyp gidendigini görüp, onuñ täsin kellesine,
ýasy-ýaýman alkymyna, düşnüksiz gorky bilen garady, soñra-da
sessiz-üýnsüz tabynlyk bilen baş atyp, daşaryk ýumlukdy. Kabinetde
bir özi galan Musa çuñ oýa batdy. ”Nämeden başlamaly? – munuñ
jogaby öñden taýyn: – Elbetde, kadrlardan! Ekişi nätmeli? – ol ýazzy
mañlaýyndan asylgy: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen
ýazgyny okady. – Býuronyñ kararyna garaşmaly bolar, ekişiñ howa
bilen işi ýok: ekmelimi – ekmeli, ormalymy – ormaly! – onsoñ ol
ýazgynyñ ýokarysyndaky suratyñ öñünde örboýuna galyp, galstugyny düzetdi. – Siziñ islegiñiz – halk üçin kanundyr, jenap ýoldaş Prezident!
Burçdaky ýüz görülýän aýnanyñ öñüne baranda, ol özüniñ adam
sanyndadygyny ýatlady: alkymyny elleşdirdi, gulaklarynyñ ujundan
çekişdirdi, gaşlaryny sypap, öñe egildi. Indiden eýläk onuñ adamlaryñkydan aýry ykbaly ýok: ol muña begenmelimi, gynanmaly? – öz
gözlerine gözi düşende, ol uzak eglendi, olardaky çuñ gizlenip ýatan
ar almak hyjuwy ony oýlandyrdy. – Eýsem, adamlaryñ onuñ kowumdaşlaryna çigidiñ çeti ýaly ýüregi awaýarmy? Awanlygynda,
Kepjebaş çöli taşlamaly bolarmydy? Ýok, ol adama öwrülip gitmez,
adamlaryñ içine ol beýle ýöntem höwes bilen gelmedi. Ony çölde öz
gününe goýmadyklar, goý, indi gözlerini ýandak bilen süpürsinler!”
Müdir kabinetiñ içini ädimme-ädim öwrendi. Jaýyñ bir burçunda
indegsiz galdyrylan reñkli bankany görende, girre gahary geldi.
– Hepbesizler! – reñkli banka aýnadan zybyrdap çykdy. Şondan soñ
ol häliden bäri zordan deşikleri bildirýän burnuny gyjyndyryp,
keýpini gaçyryp duran ysdan dyndy, arkaýynlaşdy. – Bular bilen
özleriniñ biri bolup gidişmeseñ, alajyñ nä? – eli götergili gapydan
giren sekrater gyz tabagy stoluñ üstünde goýa-goýmaşa müdir onuñ
içindäki böwrekleri lak-luk atdy. Ýuwaşady. Gözlerini ýumup,
boýnuny süýndürdi. – Gidiber... Ýok, dur entek, meniñ öz işgärlerimi
göresim gelýär, hany olar? Meselem, Gulluş?
Gyz çykan dessine müdir ganly böwrekleriñ humaryna meýmiredi.
Onsoñ:
– Mümkinmi? – diýen ýöwsel ses çykanda, bu oña aşa merdemsi
hem duýdansyz bolup eşidildi. Ol edil guýrugyna basylan ýaly:
– Dyr-pytrak! – diýip, daşyndan haşyrdanyny bilmän galdy.
74
Böwrekleriñ keýpi bir zarbada dyr-pytrak boldy. Kabinet eýesi
gapyda peýda bolanyñ ýüzüne dem salymda telim gezek owsundy.
– Men Gulluş. Gerek-ýarak zadyñyz barmy, hojaýyn?
Müdir geleniñ ýüzüne edil kürümden çykan alakanyñ samsyk ýüzüni görýän dek siññin seretdi, ýöne ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Gulluş müdiriñ öñünde sadylla bolup, ep-esli duransoñ,
ýadap, agramyny ol aýagyndan bu aýagyna atdy. Müdir onda-da
sarsmady.
– Men Gulluş... Soraýaýyn diýdim...
– Edil özi... siz Gulluş-ş, men sizi gowy tanaýan, ýöne näme sorajagyñyzy bilip bilemok. Ýadyma düşenok...
– Men hyzmat diýip geldim.
– Obañ ýagdaýyny gürrüñ ber.
Gulluş ýüzüni çytdy.
– Obañ ýagdaýy ýok. Kyn. Bu taýy bir çet ýer, adamlary düşnüksiz:
bir görseñ-ä, hemmesi gowy, bir görseñem, hemmesi erbet. – müdüriñ, gözlerini gyrpman, özüne tiñkesini dikip oturyşyny görende,
Gulluş aljyrady, çalt gepledi: – Gep-gürrüñ kän. Ýöne oñuşmazça
däl. Bularyñ gany gorkakdamarynyñ üsti bilen aýlanýar – Gulluş
ahmyr bilen uludan demini aldy. – Billerini ýazmaga wagt berseñ,
utularsyñ, duşmanyñ köpeler.
– Onda nätmeli?
– Bu inçe sungat, edilişi şeýle: daýhan öz dilini diñe ýeñişli raport
bermek üçin ulanmaly. Dilini başga zatda synap görmegine oña ýol
bermeli däl. Bu 70 ýylyñ tejribesi, ýüzügara etmez. Esasy zat – onuñ
ýüküni ýeñletmeli däl: pagta planyny köpeldibermeli.
– Mundan beter näme?! – ýylan sowukganly bolsa-da, janyýangynly haşyrdady. – Daş-ş-töwerekde aga-ýana gezere ýer galmady! Ugran ugruñ – gowaça, onuñ içem – zäherli dökün. Bu ýurtda janlyjandar ýaşamaly dälmi? Ýa bu dünýä diñe iki aýaklynyñkymy?
Gulluş gorkudan ýaña sesini aşa peseldip gepledi.
– Indi siz aýaklaryñyzy unudyñ, siz iki aýaklydan saýlandyñyz.
Başarsañyz, ili, ýeri, suwy gaýgy edinmäñ, ýogsam utularsyñyz.
Meniñ ýalñyşym – toprakdan aramy açyp bilmedim – ol, hamana,
ötülmesiz aýby bar ýaly, samsyklaç ýylgyrdy. – Şonuñ üçinem siziñ
eliñize galdym. Ýöne siz meniñ ýalñyşymy gaýtalamajak boluñ,
başarsañyz. Bir zat belli: ýyl-ýyldan artdyryp gidip oturmasañ,
75
daýhanlar göterýän ýüklerine öwrenişýärler. Daýhanyñ eşekden tapawudy: çakyndan artyk ýük ýükleseñ, eşek ýykylýar ýatyberýär,
emma daýhan – öwrenişýär! – Gulluş yzyny hüñürdä ýazdy: – Ýöne
daýhanlaryñ sabry edil çak edilişi ýaly kän däl, iru-giç düýbi görnermikä diýýärin...
Täze müdir özünden öñküniñ tejribesinden özüne geregini aldy-da,
gedemlik bilen alkymyny çişirdi.
– Seniñ wagtyñ gutardy. Şonuñ üçinem pikiriñ gyzyksyz. Ýöne bu
ýerde howasala turuzmañy bes et! Men öz zähmetsöýer daýhanlarymyza töhmet atylmagyna ýol bermen. Pagta planyny her ýylda iki
esseden artdyrsak, olaryñ sabry hiç haçan-da tükenmez!
Gulluş zöwwe ýerinden galdy.
– Ýer sandan çykar. Açlyk başlanar.
Müdüriñ gözleri çüýe döndi.
– Belki, olar diñe şonda düşünerler...
Gulluş äm-säm boldy.
– Nämä düşünerler?
– ...özi ýaly jandarlary aç goýmagyñ nämedigine! – öñündäki galamdandan ujy ýiti galamy eline alan müdir gürrüñdeşiniñ gözleriniñ
içine seredip, sorag berdi: – Ikimiziñ näme tapawudymyzyñ bardygyny bilýäñmi?
Gulluş oturan ýerinde ”köl turzan” oglanjyk deý oýkanjyrady.
- Siz köne partiýa işgäri, biziñ obamyzyñ kadrlaryny berkitmek üçin
Býuronyñ ýörite ýollan adamsy.
Müdir duýlar-duýulmaz gülümsiredi.
– O diýýäniñ hak, ýöne esasy zat: men Watana iki esse köp pagta
bermekçi, diýmek, men Watany senden iki esse artyk söýýärin!
Hamana, süññi nämedir bir zat syzýan ýaly, Gulluş gorka-gorka
sorady:
– Ikimiziñ aramyzda başga tapawut ýokmudyr?..
Musanyñ uzyn göwresiniñ bir ýerlerinde gahar dömdi, ol kemkemden ýigrenje öwrülmäge taýýarlyk görüp, damarlarynyñ içinde
aýlandy. Ol Gulluşyñ etlek ýüzüne şübhe bilen uzak wagtlap seretdi,
onuñ içindäkini bilmäge çytraşdy.
– Indiden eýläk meniñ gözüme görünmän ýaşajak bol...
Ýeke özi galansoñ müdir Gulluşyñ ykbalynyñ ajy boljakdygyny
güman etdi.
76
– Çagyran ekeniñiz... – diýip, orta ýaşly orta boýly kişi bosagadan
bäriligine ätiýaçly ätlände, müdiriñ ýene-de keýpi gaçarly göründi, ol
howsalaly tolgunjyrady, ýöne soñra özüni ele aldy. Ýakasynyñ kiri
öz damagyny çaljak kişiniñ añyrdan gotan atjak ýaly ýapyrylyp gelmesi onuñ döwlen keýpini sähelçe seýiklemän-de durmady. Onsoñ ol
oña: ”aýdyber!” diýen äheñde sowuk gözlerini parhsyz bakgartdy. –
Men Çoluk... Baş hasapçy. Siziñ göwnüñizden turaryn, bir diýeniñizi
iki gaýtalatman, kärime ökde...
– Ş-şeýle... Çoluk diýdiñmi?
– Edil özi, Çoluk...
– Ş-şeýle... Hojalygyñ döwlete näçe bergisi bar?
Baş hasapçy aljyrajak ýaly etdi.
– Meniñ hojalygymyñ döwlete bergisi ýok.
– Obanyñ diýýän... – müdir ony dikanlady.
Baş hasapçynyñ ýüzüne sowuk ot çabrady. Ol dodaklaryny müñküldetdi.
– Üç million ýedi ýüz elli iki müñ sekiz ýüz ýigrimi ýedi manat we
däninim... iki teññe.
– Nädip onça bergi etdiñiz?
– Weýrançylyk. Hasap ýitdi.
– Weýrançylyk bolany üçin hasap ýitdimi ýa-da hasap ýiteni üçin
weýrançylyk?
– Anyk ýadymda däl...
– Ýagş-şy... Iýen iri pullaryñyz – aýry mesele. Meniñ keýpimi
gaçyrýany – soñkujasy: ikije teññe! Ş-şu duran ýeriñizden gymyldaman, ş-şol iki teññäni yzyna gaýtaryp bilseñiz, siziñ bagtyñyzyñ
getirdigi.
Baş hasapçy müdiriñ nämäni ýañzydýandygyna düşünip, elewräp,
jübülerini döküşdirmäge başlady. Ol şeýle bir hasyrdaýardy welin,
hiç zadyñ çaky däldi. Soña-baka ýüzünden-gözünden joralanyp, der
akdy. Onuñ öz wezipesinde ölemen galasynyñ gelýändigi görnüp
durdy. Müdir oña seredip, zäherli ýylgyrdy. Haýsy jübüsine elini
soksa, petde-petde iri kagyz pul çykýar – mañlaýygara! Ol ahyry
özüniñ bu ýönekeýje oýunda utulandygyny bilip, lampa aşak oturdy.
– Rehim ediñ!
– Gaýdyberiñ – diýip, müdir mylaýym seslendi.
Çoluk göhert düýe ýaly ýere çökdi.
77
– Ýoldaş müdir, çagajyklamma haýpyñyz gelsin! Menden wepaly
hyzmatçyny ýer ýykybam tapmarsyñyz. Synap görüñ!
Musa diñşirgendi.
– Barlamaz öýdýän bolsañyz, gaty ýalñyşýarsyñyz... Gidiberiñ!
Çoluk pagyş-para boldy, onuñ möle gözlerine ýaş aýlandy, sözleri
wada däl-de, kasam bolup ýañlandy.
– Men özümiñ müdürime iñ soñky demime çenli wepaly hyzmat
ederin, gije-gündiz jan aýaman, özüme ynanylan işe berk ýapyşyp,
golasty işgärlerime talapkär çemeleşip...
Musa onuñ sözüni ýigrenç bilen böldi.
– Sizde golasty işgär bolmaz, özüñiz golasty. Wepaly hyzmat etmeseñiz-de, elbetde, özüñizden görüñ, ş-şondan soñ demiñiz uzaga
çekmese gerek... Wessalam, düşnüklimi?
– Düşnükli... – Çoluk guraksy ýuwudyndy. – Hem düşnükli hem
adalatly hem hormatly. Ýeke özüm müñ hyzmatkäriñ ýerini tutaryn
diýip, umyt edýän.
– Umydy men edýän, siz hyzmat etmeli! – äheñi mylaýym-da bolsa,
diliniñ awulydygyny müdir başdan bildirip, öz pidasyny heziller edip
çekeledi. – Ylalaşmadyk ýeriñizde duýdursañyz, minnetdarlygymyñ
çägi bolmaz...
– Men sizden ölinçäm razy bolaryn.
– Bu sözleri Gulluşa-da diýipmidiñiz?
– Diýipdim. Ýöne men oña: ”...birden-birimiz ölinçäk...” diýen
bolsam, has dogry boljak ekeni. Ýalñyşypdyryn. – Çoluk uludan
demini aldy. – Biziñ ilde wezipeden uly hormat, gorkudan güýçli
duýgy ýokdur.
Musanyñ tes-tegelejik gözlerinde añrybaş kanagat göründi, belki
şonuñ üçindir, ol ömürylla süzülmejek garaklaryny süzgekletdi.
– Adamyñ özünden güýçli duşmany ýok diýleni çyn... Gözüme
görünmäñ! Ýok, duruñ entek, size aýratyn bir ýumuş-ş. Ekiniñ aýak
çetinden geçip gidýän kese ýaby bilýärmisiñiz?
– Elbetde. Ir wagtlarda ol ýerde süri-süri ýekegapan gezerdi, bizem
ýabany jojuk awlardyk: şarasy, çişligi – görlenden däl!
– Ş-şol taýda, ýylgyn tokaýyna ýetmänkäñ, takyrlyk bardyr: bärisi
ýap, añrysy ýylgynlyk...
– Edil özi.
78
– Ş-şu wagt ýazyñ başy, ş-şeýlemi? Ýazyñ ahyrynda ş-şol ýerde
jenap ýoldaş Prezidentiñ täze Köşgi lowurdamaly. Siz ş-şoña jogapkär. Ugrañ!
Kontor işgärleri bilen birlaý gürleşip çykansoñ, Musa iñkise gitdi:
”Içinde gözüñ äginjegi ýok. Biri birinden ýöwsel. Ejizeganymlar!
Ahyrzaman bularyñ öz başynda. – Musa kabinetiñ içinde aýagy bişen ýaly, iki ýana zowzuldady. – Adam gutarsa – dünýäniñ gutardygy eken! Bu görünýänleriñ eýsem nämesi adam: dilimi? dinimi?
düşünjesimi? Ýeten ýerini guradyp barýan aldajylardan adam bolarmy?”
Kepjebaşyñ içi gysdy. Ol ýañy-ýakynlara deñeç aga-ýana ýaýnap
gezen aññat-aññat gumlaryny ýatlady. Irki ýazdan teniñi çoýýan
ürgün çägäniñ ýakymy onuñ inini dyglatdy. Ol ýumurtgadan çykaly
bäri süýşenekläp aýlanan belendini-pesini birlaý gaýtadan göz öñüne
getirip, adam sypatynda müdiriñ wezipesinde haýsydyr bir kaşañ
kabinetde oturandygyny tas bütinleý unudyp, ýakymly towlanjyrady.
Kabinetdäki ähli goşlar onuñ gözüne öwrenişikli çäge reñkine geçdi.
Bu ýagdaýyñ näçe dowam edeni belli däldi. Dynçlygyny bozmaga
milt eden tapylmansoñ, ahyry müdiriñ özi töwereginden habar almaly boldy. Ukudan oýanan görnüşde gözüne ilen zady işdämen synlady. Adamlaryñ arasynda galjagy çyn bolsa, etini gatatmalydygyna
düşündi. Eger ol her ädimde özüniñ nirededigini ýadyndan çykarsa,
hyýala çümse, onda yzyndan basym ýetdirer. Onsoñam yzyny
küýsäp, ýüregi atygsar durar ýaly ol çöli öz keýpine taşlap gaýtdymy?! Adamlaryñ arasyna näme sebäpden özüni urmaly bolandygy
eýsem onuñ ýadyndan çykdymy? Süýji ýatlamalaryndan eýsem ýañy
üzüldimi?”
Adamlaryñ durmuşyna tenini öwrenişdirmek üçin ol kabinetde desselenişip ýatan kagyz papkalardaky dokumentler bilen adaty usulda
tanyşmaly diýen netijä geldi we işe başlady. Çañ basyp ýatan arhiw
dokumentleri bilesigeliji şahsyetiñ eline düşüp, ençeme ýyllardan
bäri adam ogluna açmadyk gizlin syrlaryny oña açdylar. Birnäçe
günden soñ täze müdirde obanyñ taryhyndan sorag galmady.
Daýhanlarda iş ukybyny ýok etmek üçin obada kolhozdan başga
zady gurmagyñ geregi ýokdugyna, ”daýhanbirleşigi” diýilýäniñ-de,
kolhozyñ täze adydygyna ymykly göz ýetirdi, adamlara haýpy geldi.
Ýüregi howlap, arasynda ol penjiräniñ alkymyna barýardy-da, aýna79
dan daşaryk boýnuny uzadýardy, otuñ-çöpüñ hoşboý ysyny aljak
bolýardy, emma oña derek suwarymly ekerançylygyñ üstünden göterilýän himiki dökünleriñ agyr ysy ýapbaşyk burnuna urýardy. Şonda
ol ýene-de kabinetiñ içine gaýra çekilip, gaýtadan kagyzlara çümýärdi. Netijede birnäçe günüñ içinde onuñ dünýägaraýyşynda käbir özgerişler bolup geçdi, teniniñ çuñunda düşnüksiz ikirjiñlenmeler başlandy. Ýöne welin, öz niýetinden dänerden entekler ol gaty daşdady,
tersine, öz maksadyna ýetmek üçin ol ýap-ýañyja işe girişýärdi, bar
aladasy bu wagt öz töweregine wepaly hyzmatkärler ýygnamakdan
ybaratdy. Onuñ bu işe çemeleşişi göreni geñ galdyrdy. Adamlar nämäniñ nämedigine düşünip bilmän, many gözläp horlandylar; hiç
kesiñ çaky çykmadygy – başga hasap. Müdiriñ özüne işgär saýlaýşyna telpek goýaýmalydy: ne onda garyndaşsöýerligiñ alamaty bardy,
ne-de gaýry tanyşlygyñ, duranja bir garañkylyk! Bu ýerde haýsydyr
bir syr bolaýanda-da, ol saýgarardardan çuñda oturana çalymdaşdy.
Gulluş muny añjak ýaly etdi, aýratyn-da Kakabaý Garasöýmez kontorda görnende, onuñ gümany güýçlendi. Ahyrsoñunda onuñ öz gümanynyñ başyna ýeten bolmagy-da ahmaldyr?
”Ýylanyñ ýigreneni narpyz, olam hininiñ agzynda gögerer!” diýleni
çyn bolup çykdy, çekge süñkleri çykyp duran ýapy ýaly daýaw
pyýada gapydan geldi-de, ne mylaýym, ne-de hyýrsyz äheñde:
– Tal Tagan size köp salam iberdi! – diýdi.
Musa Çöli hemmesine düşündi. Ýogsam Kakabaý Garasöýmez
bilen işleşmeli boljakdygy ýadyna düşende, onuñ ini üýşendi. Ýöne
oba kümsüginden gutulmagyñ ýeke-täk ýoly – ony ýanyñda saklamak dälmidir? Adamlaryñ arasynda başyñy çarajak bolsañ, ondan
beterine-de kaýyl gelersiñ! Galyberse-de, obadaşlarynyñ içini Kakabaý Garasöýmezden gowy biljek kim bar? Ýok, kadrlar boýunça
orunbasarlyk wezipesi – oña ylaýyk. Goý hasaby öñküsi ýaly Çoluk
ýöredibersin, Derwüş babany jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özüniñ
Çarwanyñ aksakgallar geñeşiniñ başlygy edip bellejekdigini bilip
durka, ol Şemşady özüne kassir edinip almasa bolmaz. Şemşat oña
zerur bolanda ýok ýerden pul ýasap, daýhanlaryñ gözüni baglamak
üçin gerek bolar. Medeniýet, goý, goñşy obadan bolsun welin, ýöne
hökman ýat ýerden gelmelidir diýen düşünje halkyñ beýnisinde
ozaldan çuñ ornan, şonuñ üçinem bu işe Abady bellemeli bolar. Ýogsam her kimiñ öz medeniýedi öz gözüne gündelik durmuş bolup
80
görünýär, diýmek, bu işe jogapkär adamyny näçe daşdan getirseñ,
şonça-da gowy! Onsoñam nämedir bir zada geñ galmak çarwalylaryñ
düýşüne-de girenok. Aslynda olaryñ ”meniñki bolsun” diýer ýaly
düýşleri-de ýok, başlary ýassyga ýetse, öli ýaly ýatýarlar. Bir günden
bir gün Şemşat gürüm-jürüm bolanda-da, olar munuñ üçin artykmaç
gynanyp oturmadylar: ”Pul bolsa, kassir tapylar; kassir ýiten bolsa,
diýmek pul ýokdur!” diýdiler. Oña derek daýhanlar bu oba ömründe
aýagyny basmadyk kişiniñ özlerine beletligine dillerini jukguldadyp,
geñ galdylar: töweregine adam aralaşdyranok!
Ýöne howplusy Gulluşyñky boldy, ol aldy-da Çolugyñ gulagyna:
– Munuñ näme iş etjek bolýandygyna düşünemok... – diýip pyşyrdady.
Kim bilýär nädip, ýöne bu gep derrew müdiriñ gulagyna baryp ýetdi. Müdir Gulluşyñ kabinetine boýnuny uzadanda, ol şarñyldap ýatan
boş otagyñ bir burçunda özi üçin goýlan warak oturgyja tersin atlanyp, gözlerini mölerdip, täleýine kaýyl garaşyp otyrdy. Müdir onuñ
ýüzüne edil hinindan çykan atýalmanyñ nakys ýüzüne sereden ýaly
dikanlap seretdi. Gulluşyñ süññi elendi.
– Men seni howpdan gutarmasam boljak däl! – ýagdaýynyñ erbetdigini añan Gulluşyñ gözleri bogulýan tegäniñki dek tegelendi. –
Öweziñ kellesi alnan gije sen medeniýet orunbasaryñ öýünde ş-şerap
süzüp otyrdyñ. Içen ýeriñde-de, harlap uklap galdyñ. Ýygym döwri!
Ullakan jogapkärçilik! Sen bolsa, ýat gelniñ öýünde mesçilik edýäñ!
Elbetde, bu waka bilen prokuroryñ gyzyklanan güni emlägiñi eliñden
almak ş-şerti bilen azyndan sekiz ýyl işiñ bar! Berk rejimde!
Jany bokurdagyna gelen Gulluş elini daldalady.
– Ýo-ok, men günäkär däl, men adamyñ kellesini alamok! – Gulluşyñ bokurdagyndan ses däl-de, tutuk bir jagyrdy eşidildi. – Men däl,
men dä-äl!
Ýakymsyz haşyrdy bilen gülen Musa Çöli elglenmän, öz pidasynyñ
üstüne abandy.
Birneme soñrak ownuk zerurlyk bilen Gulluşyñ kabinetine boýnuny
uzadan Çolugyñ gözi şeýle hadysany gördi: Gulluş boş otagyñ ortasynda ysgynsyz serlip ýatyr, täze müdir bolsa, onuñ üstüne abanyp,
ol ýerinden-bu ýerinden dişleşdirip alýar, ýatanyñ ýüzüne haşlap, ak
tüýkülik saçýar. Ýüzüne ýagýan laçja-laçja ak köpürjikden haýy
gaçan elleri bilen goranjak bolýan biçäre Gulluşyñ manysyz urunma81
syny synlap duransoñ, Çolugyñ huşy başyndan uçdy. Ol gapyny
hasyrra ýapyp, daş ýüzünden oña arkasyny berdi, daljygyp haslady,
kimdir birinden delalat isläp, gözlerini tegeläp, alagarañky uzyn koridoryñ iki ýan ýüzüne naýynjar garanjaklady, emma kömege gelerli
adam ýokdy. Täze müdir geleli bäri işgärler öz kabinetinden çykman,
busuşyp otyrdylar. Bu ýerden garasyny näçe çalt saýlap bilse, şonçada peýdalydygyny bilen Çoluk öz kabinetine bakan ýumlukdy. Ýöne,
göwnüne bolmasa, müdir ony gördi. Kabinetine edil sümdüm edende, müdiriñ tegelejik aýylganç gözleri onuñ yzyndan dikilip galana
meñzedi.
Bolup geçýän gümürtiklikden çen tutup, bu ýerde öz akylynyñ çäginden agdyk işleriñ başlanýandygyny tilki mekirligi bilen syzan
Çoluk müdir näme etse-de, sesiñi çykarmaly däldigine tiz düşündi.
Ol edil üstüne güni alnan heleý kimin kitüwini ýüreginiñ çuñunda
gömmegi öwrendi.
Çen bilen edil şol wagtlar Aman bilen aýalynyñ arasynda ilkinji
oñşuksyzlyk bildirdi. Amanyñ: ”Aýalymyñ teni sowuk” diýen gürrüñi oba ýaýrady. Sapar-ýalañaç muny eşidip: ”Sowuk ten görmedik
ýigide bakyñ, emeldarlygy nämä degmeýär, daýhan gelin alan bolsa,
eline diñe gury süñk ilerdi!” diýipdir. Uly il Amana käýindi: ”Ýetimek! Teni bilen ne işiñ, öýüñden uzyn etekli girip-çyksa bolýar-da!”
”Düşüniñ-ä! – Aman janykdy. – Bu aýalyñ tüýsi başga, mährimiz
goşulyşanok, düşegimiz buz ýaly. Men gorkýan...”
– Hökümet bilen heleýinden gorkmadyg-a erkegem däldir! – Saparýalañaç onuñ jogabyny nagt etdi.
Guýma kenek ýaly orta boýly Sapar-ýalañajyñ güne ýanan ýüzi,
elmydam oýnaklap duran dogumly gözleri göz öñüne gelende, Aman
öz derdiniñ ile gülküdigini bildi. Onsoñ syryny şondan beýläk açmaga onuñ bogny ysmady, gepiñ gerdişine gelende, ýuwudynyp, gözlerini mölerdip oturyberýärdi. Gaşlary bitişik ýeser gara gözlerinde
adamynyñka meñzemeýän gorky peýda bolýardy. Kimdir biri has
çintgäberjek bolsa, ol: ”hüş-ş!” edip, barmagyny agzyna ýetirýärdi,
oturan ýeri nire bolaýsyn, derrew jaýyñ aýnalaryna, tüýnügine gözüni dikip, syçan sümer ýaly deşik görse-de petikläp başlaýardy. ”Şemşat gelen badyna öýümden ýylanlam gitdi” diýip, oglanlykda bileje
kel bolup, kellesine deñje garyn geýen Sapar-ýalañajyñ hut özüne
janygyp gürrüñ berdi. Sapar-ýalañaç bu gürrüñi eşidip: ”Ýuwha ge82
lensoñ, ýanyñda ýylanyñ ne köri bar?” diýdi. Ýöne ol muny nämedir
bir zady añyp däl-de, agzynyñ ugruna aýdan bolmaly.
Onsoñ bir günden bir gün ýüzüni garañka tutup, Aman obanyñ mollasy Rahmanyñ öýüne geldi. Gapyny, aýnany içinden berk gulplap,
ýaryk-ýaryk bolan buz ýaly dodaklaryny degrip-degrip, mollanyñ
gulagyna gorkuly pyşyrdady:
– Molla aga, meñ aýalymyñ göbegi ýok. Şemşadyñ.
Molla depesine ýumruk degen ýaly, ep-esli wagt sesini çykarman, onuñ ýüzüne seredip, huk bolup oturdy, iki baka yrandy. Soñra onuñ ýüzi agaryp, bütin süññi sandyrady. Ol özüni
köne duşmanynyñ eline düşen saýdy, bar güýji bilen Amanyñ
döşünden itdi-de, Gurhana ýapyşdy...
83
5. Jenap ýoldaş Prezident
Halklaryñ serdarynyñ ỳazan we jenap ỳoldaş Prezidentiñ mañlaỳyna
togap edinip, tälim alan kitaby – partiỳa taryhynyñ ”Gysgaça kursunda” hemme zat Gurhandyr Injildäkiden ỳa-da Töwratdakydan has
düşnüklidi: azlyk – köplüge, aşakdaky gurama – ýokardaka gürrüñsiz
boýun egmeli. Gutardy. Ýazylmadyk kanunlar bolsa, elbetde, partiýanyñ çür başynda oturan gojalaryñ özleridi. Goja serdarlaryñ
göwnünden turmadyk islendik ädimiñ seni partiýanyñ ”Gysga kursunyñ” eçilen lezzetlerinden dem salymda mahrum edip bilýärdi.
Häkimiỳetiñ çür başyna barỳan kötel ỳolda duş gelen güzerleriñ
hemmesinden geçensoñ, jenap ýoldaş Prezident üçin iñ jogapkärli
döwür gelip ýetdi: oña diri serdarlara çaý demlemegi ynandylar. Tä
saçy agarýança. Şonda ol gaty kösendi. Suwuñ haçan gaýnaýandygyny bilmekde iş bardy. Onuñ abraýynyñ içini üzen, saçyny agardan
çig suw boldy: ýañy çigrän suwdan çaý demläp, hojaýynlaryny içini
julk etdi. Olar dişlerini gysyp kän çydadylar, kämilleşerine garaşdylar, ýöne bolmady. Onsoñ onuñ syýasy karýerasy pitige mündi: hojaýynlary oña näme iş ynanjaklaryny bilmediler. Ýöne ahyrsoñy
ylaýyk wezipe tapyldy, onuñ eline ýurduñ gizlin gullugyny berdiler.
Bu iş çaýçynyñky ýaly çylşyrymly däldi: hojaýynlar kime barmak
çommaltsa, şonuñ kellesini kakmalydy. Öz kelläñ dynç. Wagt gyzyldan gymmatly, oýlanmaga idin ýok, diýlenini edip ýetişseñ, zor boldugyñ. Täze wezipesinden onuñ göwni bitdi. Ýöne ykbalynyñ pitikde duran günleri onuñ saçynyñ galanjasy-da agardy. Agarman nätsin? Eýsem onuñ ýeten gulluk derejesinde syýasy karýeranyñ gutaran ýerinden añryk ömür üçin aýratyn gapy açylmaýandygyny güman etmek kynmydy? Ine, az wagtda başyndan geçiren bu jan gorkusy üçin-de onuñ ýüreginde çaý gaýnadylýan çäýneklere ajy hem
ömürylla ötülmejek ýigrenç galdy. Aryny wagtynda ýerine salyp
bilmäni sebäpli ýigrenji has-da köredi. Diñe jenap ýoldaş Prezident
bolansoñ, ol çäýnekleriñ ugruna çykdy, ýöne çäýnekler adam däl,
olara näme çäre görjek? Näme sütem etjek? Elbetde, ol indi ýurtdaky
ähli çäýnekleri, islese, bir gije-gündüziñ dowamynda-da ýok etdirip
biljekdi, ýöne beýtse, onuñ ýürekden söýýän halky çäýneksiz galjak.
84
Onsoñ halk neşesirär, keýpi bozulyp, ýaşaýyşa höwesi gaçar. Onuñ
öz halkyny beýle jeza dözüp biljek gümany barmy? Ol näme daş
toýnakly haýwanmy? Üstesine-de, bu işi edäýse, geñ-tañlyk ýurduñ
çäginden çykyp, oña ýaramaz şöhrat getirmezmi?
Onsoñ ol ömür ýolunda toplan tejribesine daýanyp, her halda
çäýneklere degerli jeza oýlap tapmagyñ hötdesinden geldi. Munuñ
üçin ol kitirleri ýok etmedi. Gaýta ýene birini ýasatdy. Han çäýnek.
Sap altyndan. Içine buşukmak üçin. Öz gizlin duşmanlaryna berjek
jezasyndan ol göwnühoş boldy. Ýekeje oñaýsyz ýeri: çuññur lezzet
almak üçin gezen ýerinde siýdigini saklamaly bolýandygy diýäýmeseñ, jeza añrybaş keýplidi. Agşamlaryna il ýatyp, it uklansoñ, tylla
kitiri eline alyp, balagyny sypyryp ugranda, hamana ýañy gaýdyp
gelen gelniniñ ýanyna barjak ýaly, endam-jany galdyrap, üşüdýän
sypatda digdiremäge başlaýardy. Sary altynyñ üstüne sary siýdik
şarlap ugranda, erbet sesini edip, agzyny dik ýokaryk tutup gygyrardy. Bu bir ýönekin gykylyk bolman, eýsem ýalñyz möjegiñ hatarly
uwwuldysyna meñzeşdi. Ilkiler bu sesi eşidenlerinde, onuñ janpenalary öz hökümdaryny göze görünmeýän beladan halas etmek üçin
gapa topulyşyp gelerdiler, soñ welin, olar bu sese öwrenişdiler gitdiler. Belki-de, Larin olara sypaýyçylyk bilen ýagdaýy düşündirendir?
Haýsy-da bolanda, ýeke gezegem jenap ýoldaş Prezidentde bu del
lezzetden ýüz öwürmek islegi döremedi. Eýsem nämüçin ol öz durmuşyny bolşundan-da beter garyplaşdyrmaly? Käşgi onuñ ýaşaýyşynda lezzetli pursatlar üýşüp ýatan bolsa... Halk keseline öwrülen
ýaranjañlykdan, bol-telki iýip-içmekden hem öz duşmanlaryna görkezýän süteminden başga – guwanara onuñ nämesi bar? Altyn
çäýnegiñ keýpi – garyp ruhunyñ tesellisi. Dogry, ol käte öz ten
küýseginiñ sesini eşitmän duranok, ýöne bu islegiñ yzyna düşseñ,
aýallara janyñy ynanmaly. Olaryñ göwnüne ýaramak oña berilmändir. Munuñ üçin diñe baýlykdyr häkimiýet ýeterlik däl, başga-da
käbir zatlar gerek. Onuñ ten küýsegi birçak gorkudyr ýigrenje öwrülen. Aýallar onuñ iñ duýgur duşmanlary. Olaryñ oña bolan söýgüsi
ilkinji gijede gutarýar, soñra diñe gorky galýar. Başga hiç zat. Onsoñ
ol nädip aýallara janyny ynansyn? Nädip olary edil boş çäýnekleri
ýigrenişi dek ýigrenmesin? Nädip olardan içi sowasyn? Bu iki öýke
onuñ ýüreginde diýseñ çuñ ornan. Ilki bolup onuñ içine dogmaz
oglan salan-da onuñ başdaşy. Ol öñýeteniñ hyzmatynda öñürdikläp
85
ýörkä aýalynyñ ondan göwni geçdi. Onuñ saýlan ýolunyñ wezipäniñ
çür başyna eltjekdigine ynanan barmydy? Aýaly-da ilden üýtgeşik
bolmady. Ulurak güýmenjäniñ ugruna çykdy. Maşgala dawasy golaýlap, erkekleriñ şuña meñzeş ýagdaýda adatça edişi ýaly, gara çyny
bilen onuñ üstüne topulaýmaly bolanda, aýaly eline boş kitiri tutdurdy welin, ol aşhana garşy ýumluganyny bilmän galdy. Düwdenekläp
yzyna gelende-de, elbetde, aýaly öńki ýerinde ýokdy. Köçäniń ańry
ýüzünde görnüp giden ýaly etdi, bolany şol. Geñ. Köşge girmeli aýal
öz geljeginden meýletin ýüz öwürdi diýseñ, kim ynanar? Onuñ göwnünde müdümilik güman galdy: aýallar öz ärlerini şeýle taşlaýarmyka?
Ýurdy eline alansoñ, aýalyna görünjek bolup, ol özüne iñ ýokary
aýlygy belledi. Aýaly yzyna gaýdyp geler öýtdi. Elbetde, äriniñ täze
wezipesi, aýlygy Suzanyñ göwnünden turman durmady, ýöne, nämüçindir, ol yzyna dolanyp gelmäge höwesek bolmady. Oña derek ol
döwlet gaznasyndan öz paýynyñ haýsy ýurduñ bankyna geçmelidigini elin habar etdi. Onsoñ jenap ýoldaş Prezident öz aýaly bilen
döwlet bähbidini göz öñünde tutup, berk söwdalaşmaly boldy. Aýalynyñ haýal etmän gelip, ýurduñ ahlak hajatlary üçin maşgala suratyna düşüp gitmegini talap etdi. Aýal ýüreginiñ näzikligini diýsene:
eredi. Ol öz aýagy bilen äriniñ ýanyna geläýdi. Elbetde, gününlik.
Ýöne gazetler ýeteşikli. Olar birnäçe sagadyñ içinde jenap ýoldaş
Prezidentiñ maşgala suratyndan tegelek ýüz ýyllyk ýüküni tutup
goýdular. Milletiñ namysy halas edildi. Indi ol suratlar her gün irden
ýurduñ gazetleriniñ birinji sahypasynda lowurdap çykýar. Ol suratlaryñ birinde aýaly ikisi goşa gumry ýaly bolşup, Köşk bagynda gezelenç etse, beýlekisinde bileje garbak-gurbak edinýärler, ýene birinde
– ýylgyryşyp, söýünişip otyrlar. Aýalynyñ maşgala tamdyrynda çörek ýapyp duran ýeri-de bar – suratçylara telpek goýaýmaly! Ýene
bir ýerde ol aýalyna gazet okap berýär, eli altyn çäýnekli ýylgyryp
duran ýeri-de bar, garaz, müñlerçe görnüş! Bu suratlar oña däl, onuñ
mähriban halkyna gerek. Ýurduñ ahlak ýüki onuñ boýnunda, onuñ
gitjek ýeri nire?!
Indi ol her gün irden gazetleriñ çykmagyna edil çaga ýaly sabyrsyz
garaşýar, her gün olaryñ ýüzünde öz bagtly maşgalasyny görüp, gözüne ýaş aýlaýar. Gazetler günüñ güni onuñ maşgala bagtyndan täzelik açýarlar, bu bir gidip ýatan tükeniksiz hekaýat. Hekaýatyñ içi
86
onuñ özi üçin-de garaşylmadyk begençlerden doly: nirededir bir
ýerlerde onuñ agtyklary bolýar, aýalynyñ söýgüli iti abraýly baýrak
alýar ýa-da şoña meñzeş ýüzlerçe beýleki hoş habarlar. Onsoñ ol
aýalsyz, çagasyz öýde ýatyp-turýandygyny undup, bagtly bolýar.
Gazetler diñe bir onuñ mähriban halkyny däl, eýsem onuñ hut özünide maşgalalydygyna ynandyrdylar, ol indi aýalsyzdygyny bilenok,
şonuñ üçin-de ol indi täze çatynjalary gaýgy edinenok: olara görelde
alara öñlerinde mukaddes nusga bar. Gazetleriñ sahypasyna siññin
seredip, käte ol gözüne ýaş aýlanyny duýman galýar: ah, eger-de
onuñ aýaly ýurduñ jurnalistleri ýaly boýnyboş bolanlygynda, ol
dünýäde iñ bagtly jenap ýoldaş Prezident bolmazmydy eýsem?!
– Bu ýurtda indi menden uly wezipeli ýok. Aýlygym seniñ islegiñe
görä öser. Gal, saña başga näme gerek? – diýip, ol öz adyny göterýän
uçarlar meýdanynda ýassykdaşyna özelenip ýalbardy.
– Sammyjak... – aýaly onuñ iki satanynyñ arasyna gözüni dikdi, –
seniñ söýgüli halkyñy hoş etdim. Menden saña ýene näme gerek?
Minnetdar bolmagyñ deregine ýene ýüzüñem sallaýañmy, gadyr
bilmez... Bu ýurtda galyp, men gül ömrümi kül etmeli, şeýlemi? Gonamçylykda ýaşar ýaly men nä müjewürmi? Onsoñam bu taýy yssy,
men derleýän.
Jenap ýoldaş Prezident howa galkyp giden uçaryñ yzyndan delmuryp galdy.
– ”Ah, Larin, seniñem erkiñ ýetmejek zady bar ekeni. Sen meni
bagtly ederden ejiz geldiñ. Meniñ saña ýüregim awaýar...”
Aýallaryñ baýlyga göz gyzdyrýandygy – toslama. Bu gepi tapan
adam aýal tohumyny tanaman geçipdir. Onuñ ähli betbagtçylygy
şundan ybarat dälmi näme? Başgaça bolanlygynda ol bireýýäm bagtly bolardy. Bu gün ol ýurduñ ýeke-täk hökümdary. Ýöne onuñ raýatlary onuñ ýüreginde gopýan harasatdan habarsyz, ýaranjañlary onuñ
derdini egserden ejiz gelýärler. Olar jenap ýoldaş Prezident aýal jynsyny itden beter ýigrenýändir öýdýärler. Elbetde, olar hakykatdan o
diýen daş düşenoklar, ol aýallary ýigrenmän duranok, ýöne başga zat
üçin däl-de, eýsem olara erkiniñ ýetmeýändigi üçin. Bir ýurda eýelik
edip, bir heleýe erkiñ ýetmese, niçik bolar?! Ol käte ähli hanymanyny bir heleýe erk etmek bagty bilen başa-baş çalşmaga-da
taýyn, ýöne bu onuñ üçin bitmez arzuw, çünki onuñ duşmany ýakyn
arada... Onsoñ onuñ añrybaş bagty – kürsüsi. Kürsüsine dalaş edýän87
ler ony diñe syndan däl, syýakdan saljak bolýarlar, olaryñ özleri
muña düşünmeseler, jenap ýoldaş Prezident ne alaç etsin?
Ol bütin ýurdy boýun egdirdi, ýöne aýaly ýene-de eline ilmedi, ol
edil ürgün çäge ýaly onuñ barmaklarynyñ arasyndan syzyldy çykdy
ötägitdi, al onsoñ öz hökümdarlygyñdan alýan bolsañ lezzeti! Arman, onuñ güýji heleý tohumyndan diñe öç almaga ýetjek, özge zada
däl. Azy ýaran aýallaryñ etmişi üçin agzyndan süýt ysy gitmedik ýaş
gyzlar onuñ öñünde jogap okarlar. Eýsem, öz hökmürowanlygyndan
ol nädende dokunyp biler? Keýpi ýedi gat asmana dalaş edende, ýaş
gyzlaryñ üstüni gymmatbaha sowgatlar bilen gömüp, ol dünýäni
düldüredip bilýär, ýöne ol görgülijikler öz janlaryny gul-gula salyp,
ýigrençlerini bildirenlerinde, hemme zat ýene öñki hanasyna gaýdyp
gelýär – öwrenişikli durmuş. Bagtyny ýatyran gyzlarynyñ soñraky
ykbaly bilen gyzyklanmak höwesi onda ýok. Onuñ öz ýoly bar, aýallaryñ-da – öz. Ol aýallaryñ göwnüne ýetmek üçin ýaradylmandyr,
oña köpüñ üstünden häkimlik bagty berlipdir. Milletiñ diñe erkeklerden däl-de, eýsem aýallardan hem ybaratdygyny duýup gezmek –
onuñ üçin lezzetiñ çuñy: söýmeseler, jähennemä gitsinler, iñ bolmanda onuñ gijeki otagynda näzirgäp görseler, galany bilen ol oñşar,
ýöne welin, arman, aýal göbekliden ýekejesiniñ-de onuñ bilen ikiçäk
galyp, atlaza çümüp, ýüzüne çynlakaý duýgy bilen garamaga ukyby
ýetenok, ýogsam bolmanda, onuñ göwnünde-de köp zat başgaça
bolardy; eýsem bu ýurtda hemme zadyñ hut onuñ keýpine görädigini
bilmeýän türkana şindi-şindem galdymykan? Haýp, ýöne Köşge
getirilýän üzümiñ suwy ýaly ýaş gyzlaryñ ýurduñ abraýy azaryna-da
däl, olar öz duýgularynyñ ýesiri; añry gitse bir hepdeden böwrekleri
böküp ugraýar, şondan beýlesini sorap nätjek? Köçä kowlansoñlar,
olaryñ gününe it aglaýar. Ýöne ol Köşgüñ olary gözden salmaýandygyna, aladasyny edýändigine ynanýar, çünki ertir, agşam Köşgüñ
öñünden öñleri ak fartukly geçýän ”pagtaçy gyzlaryñ” diñe şolardan
ybaratdygyny ol güman etmän duranok, ýöne ol muña göz ýumar;
çünki alkymynyñ aşagyndan aýlap, başyna ak ýaglyk oranan, öñleri
ak fartukly gyzlar ýaly onuñ göwnüni göterip biljek aýal maşgala bu
dünýäde, megerem, başga ýokdur; pagtaçy gyzlar onuñ gözünde
ejizligiñ hem garawsyzlygyñ nusgasy; olar onuñ iñ bir gizligin
duýgularyna meçew berýärler; olary görende, üýtgeşik bagtdan ýaña
onuñ hut başy aýlanyp, injigi saññyldaýar; şonuñ üçinem ol öz altyn
88
çäýneginiñ berýän düýpsüz lezzeti bilen bäsleşip bilýän pagtaçy gyzlara ýürekden minnetdar. ”Köşk ýaş gyzlary azdyrýar” diýip, duşmanlary gep ýaýradýarlar, ýaýradybersinler, ol muña atalyk sabry
bilen çydar – halk özüniñki.
Onuñ öz halkyna ýüregi awaýar. Pelegiñ oýnuna bak: ýetim diýip,
oña gyýa garanlar bu gün ýurdy bilen onuñ eline galan ýetimler! Oña
itiñ art aýagyndan suw içirenler, saçagyndan bir döwüm çöregi rowa
görmedikler, köçe-köçe suwsuz hem çöreksiz otyrlar! Onda-da, olar
ol diýip ölüp ýatyrlar, onuñ bir sözüne, bir nazaryna zar; ýurduñ ähli
gazetleri her günde bu barada ýazýarlar, ol ilkiler muña ynanmajak
boldy, ýaranjañlaryñ çypdyrmasydyr öýtdi, emma gazetler oña gidere ýer goýmadylar; hakykatdan gaçyp gitjek ýeriñ nire: halk ony
söýýär, başyna täç edinýär. Bu söýgä ynanmasa, ony Hudaý tutar.
Ýogsam onuñ özi adamlaryñ her haýsyny aýratynlykda ne söýýär,
ne-de ýigrenýär; ýüreginiñ çuñunda aram-aram düşnüksiz bir güýçli
duýgy möwjese-de, onuñ nämedigini anyk bilip bilenok. Onuñ aýalaryndaky çyzyklary yzarlan Larin: ”Bu duýgy mähre hem söýgä hemişelik mätäçlik, ýöne onuñ gapdalyndan ugurdaş hökümdarlyk
duýgusy-da boýdan-başa görünýär” diýýär; olaryñ haýsy birine
ynanjak? Perwaýsyzlyk däldigi-hä belli, ol gije-gündiz halkynyñ
yzynda, mal bakan ýaly bakyp ýör, elinden iým-suw berýär, aýasyndan duz ýaladýar, iñ soñunda-da, öz raýatlarynyñ her birini kepene
dolap, öz eli bilen o dünýä ugradýar; ol ýetişmese, indi adamlar ölüsini-de ýerlänok; onsoñ ol ýagşyzada ýaly bolup barýar-da, öleniñ
boýuny-inini ölçäp, oña öz eli bilen ylaýyk kepen biçip berýär; ýogsam, ýurduñ içini basym maslyk aljak, adamlar ölüşip ýatyr; olaryñ
öz merhemetli jenap ýoldaş Prezidentini göresi gelip, ýüregi gysyp
ölmesi indi adaty waka öwrülip gidipdir; adamlar onuñ nurana ýüzüne zar; gazetler her günde onuñ ýylgyryp oturan mährem ýüzüni
öýleriñ törüne eltýärler, telewideniýe ertirden agşama onuñ sesinden
hem nurana keşbinden halky gandyrmagyñ ugrunda, emma bolanok,
halk halys tökesirän: barybir az bolýar. Onuñ daş heýkelleri ýurtda iñ
geçginli haryt, daş gazylýan karerlerde elhenç güýçli traktorlar gijegündiz arlaşyp işleseler-de, halkyñ bu islegini ýakyn onýyllyklarda
kanagatlandyryp bolmajakdygy görnüp dur; adamlar onuñ bir garyşjyk daş heýkelini edinmek üçin iýmit dükanlarynyñ agzynda hepdeläp nobata durup, iñ soñunda mukaddes maksatlaryna ýetip bilmän,
89
şehit bolýarlar; olara kepen biçende jenap ýoldaş Prezident gözýaşyny saklap bilenok; ulular – ulular, ýöne ýaş çagalara näme gerek?
Gabrystanlyklar çaga mazarlaryndan doldy! Olar onuñ nurana sypatyna aşyk bolup, näzijek bokurdaklaryndan iýmit ötmän, uçmanyñ ak
guşuna öwrülip gidýärler. Ah, bu zatlar nähili gaýgyly! ”Adam näçe
ýaş öldügiçe şonça peýdaly, oña az kepen gidýär” diýip, ol kädaýym
özüni köşeşdirjek bolýar, emma köşeş nire, gözi ýaşly, bagry başly,
patadan – pata ylgap ýör; ol her günde ýurduñ müñlerçe ýerinde pata
görünýär, adam gömýär; nädip muña ýetişýändigini onuñ özünden
öññe bilýän ýok.
Ol özi bilen mähriban halkynyñ arasynda hiç bir ýaşyryn syryñ
bolmazlygyny isleýär, bu mukaddes pikire gulluk edýär, ony ilki
bolup, özi ýerine ýetirýär; gazetler, radio, telewideniýe onuñ her bir
ädimini gije-gündizde 24 sagatlap halka dynman aýan edýärler; halk
ol hakynda bary zady bilmeli, ol öz naharyny-da dört wagtyna telewizorda öz halkynyñ gözüniñ öñünde edinýär, onuñ her damagyna
näme iýip-içýänini mähriban halky Hudaý gün berse, uludan-kiçä
görüp otyr; ir bilen onuñ geýnişini-de ekranda synlaýar, ol öz mähriban halkyna ilkinji säher salamyny berip, Köşgüñ kabulhanasyna,
onuñ aladasyny etmäge ugraýar; şonda ”Jenap ýoldaş Prezident sagaman ördi!” diýip, il-gün Tañra alkyş okaýar; agşam ýene onuñ sagaman ýatyp-turmagyny Tañrydan dilemek üçin uzyn gün sabyrsyz
garaşýarlar. Onsoñ ol halkdan ýürekdeşligi talap etmäge hakly. Iliñ
içinde onuñ her bir adamynyñ hereketini synlap ýören sanetmez jübüt gözleri, kimiñ nirede näme diýýändigini diñleýän sansyz jübüt
gulaklary bar. Oña ”kim, näwagt gelip, maña öz pikirini aýdarka?”
diýip, garaşyp oturmak ýaraşmaz, şonuñ üçinem ol bu zatlaryñ najadyny döwlet derejesinde iýmeli bolýar. Ýurduñ bir çetinde biri dilini
gymyldatsa, ”Ýeriñ aşagynda ýylan gäwüşese” bu oña aýan. Ýagşam, ýamanam ýerde galanok, her kes öz päline duçar bolýar. Köçedir bazarlaryñ indi arz jaýyndan tapawudy ýok, diýjegiñi diý-de,
jogabyñy al! Ol jogabyñ garaşdyrmasy ýok; halka edilýän bu hyzmat
gün-günden gowulaşýar, agzyñdan sypdyran her bir sözüñ jogaby
eýläñe öwrülmänkäñ mañlaýyña urulýar. Ilini ýürekden söýmeýän
adam oña beýle hyzmat edermidi? Bu ýurtda adamlar ”Nädip öz
pikirimizi jenap ýoldaş Prezidente ýetirerkäk” diýen gaýgydan dynç;
eýsem olar arz jaýyna barjak bolup, parahor diwanbeglere baryny90
ýoguny dökmelimi? Ýok, bu adalatlylykdan nyşan däl, onuñ ýigrendigi – býurokrat süýrenjeñlik! ýüreginiñ söýdügi – ýönekeýlik, ol
hemme zadyñ ýönekeý bolmagyny isleýär: ýaşaýyşyñ-da, ölümiñde... Onuñky indi – her deminde adamlara ýagşylyk etmek, il ony
ýagşyzada deñeýär, ol iliñ ynamyny ödemegiñ ugrunda, ol bu ýoldan
sowulmaz; onuñ ullakan göwher gaşly altyn ýüzükli barmagy elmydama öz halkynyñ nabzynda, şonuñ üçin-de onuñ edil häzir nämäni
küýseýändigini her kesden gowy bilýär, hiç haçan ýalñyşanok. Eger
ol eline ýüzi orak-çekiçli gyzyl baýdak alyp köçeden ýörese, bu halka gerekdir! Eger ol Käbäniñ gara daşyna sejde edip, başyna ýaşyl
selle oransa, onda bu halka gerekdir! Eger harby lybas geýip, serkerdebaşy sypatynda minbere çyksa, bu-da halka gerekdir! Halkdan
bidin çöp başy gymyldamaz. Yzyna hiç zat tamakin bolmazdan ilgüne ýagşylyk etmek nähili ýakymly, onuñ begençden ýaña ýygyýygydan ini dyglap gidýär; diñe käte düýşünde gara basanda, ol
gaýtadan özüniñ aýakýalañaç gapy-gapy entän, bir döwüm çörege
zar bolan ýyllaryny görüp, gara der bolup, hopugyp oýanýar; şonda
ol derrew otagyñ diwaryndan gazylan buky ýerdäki kakadylan külçelerini barlap görýär-de, azajyk ynjalýar; ol külçeler oña birden işi
gaýdyp, aç galsa, buky ýerlerde gizläp saklaýan iýgili-içgili ätiýaçlyk
jaýlaryna özüni atýança gerek boljak; elbetde, tagtdan taýmasa, ol
iýmitiñ oña geregi ýok. Diñe öz başyny çaramak däl, ol bütin halkyñ
iýmitini agzyna tutup berip otyp. Halkyñ ýalñyz howandarynyñ özüdigini ol gowy bilýär. Adamlar öz wagtynda onuñ gadyryny bilmediler, ýöne indi bilýärler, şoña-da şükür. Geçirimliliginden ýaña onuñ
ýüregi para-para boldy. ”Eje-e! – diýip, ol birden uly sesi bilen zörledip ugrady. – Sen nämüçin maña itiñ art aýagyndan suw içirdiñ?
Nämüçin meni eneli-ýetim etdiñ? Men welin, ynha, seni bütin milletiñ enesine öwürdim. Indi aýt: kim gowy ekeni?! Onsoñam, bu millet
nämüçin meniñ oñan enem bilen oñmaly däl?! Bir günden bir gün
seniñ guburyña zyýarata-da bararyn, elim degse, häzirlikçe, görýäñä, men işli. Men adamlary kör iden dek idip ýörün, bu millet mensiz
hiç kim, eje!
Jenap ýoldaş Prezident ejesiniñ suratyny gujaklap, uly ili bilen
möññürdi. Onuñ gözýaşy altyn rama gaplanan suratyñ üstüne paýrap,
suratdan bärligine gözlerini çerreldip oturan ýaşmakly aýalyñ edil
oglunyñka meñzeş dolmuş ýañaklaryna emelsiz çalnan reñkini suw91
sil süpürerli göründi. Aýalyñ gözlerinde üýtgeşik bir mähir görünmese-de, ogly ony görýäne çalymdaşdy.
– Eje! Sen nämüçin dirikäñ köçeleri menden gowy gördüñ? Men
bilýän, belki, sen meni utanjañlygyñdan ýaña ýigrenensiñ? Sebäbi
men samankepbäniñ diñe pişikler üçin gurulmaýandygyna ir düşündim, ah, meniñ utanjañ ejem! Sen: ”Jigiñe süýt getirjek” diýip, köçede çigit çigitlär ýörerdiñ. Soñam seni ýer ýuwutdy, ýöne men bu
ýerde şäherlileriñ näme günäsiniñ bardygyny bilemok. Ýykylan kesegiñ aşagyndan seni gözläp, dyrnaklarym döwüldi. Tapmadym. Indi
men seniñ adyñy köçelere dakyp, içimi sowadýaryn, eje!
Altyn ramadan gözlerini öñküsi ýaly çerreldip oturan aýalyñ üstüne
ýagan şor damjalary aýasy bilen süpürişdiren jenap ýoldaş Prezident
suraty bagryna basyp, horkuldap uklap galdy.
Ýeke galsa, ol bozulman durup bilmezdi, hemme zada ýüregi awardy, onsoñ bu hasratdan dynmak üçin ol ýüz görülýän aýnanyñ öñüne
geçip, tans etmäge başlardy; kellesi gyzanda, dişine aş pyçagyny
gysdyryp, ullakan otagyñ içinde at çapardy, käte-de daraklygyna
galyp, elleriniñ birini döşüniñ üstünde, birini-de egniniñ deñinde
uzadyp, gybyr-gybyr giderdi. Onuñ tanslarynda günbatar elementleri-de ýok däldi, arman, olar uzak imrinerden ýöntemdi. Haslap ugransoñ, aýnada garnyny görüp, azajyk suslanardy, arman ýaşy tansdan ötüşen, başyna süzme halta sokulandan enaýy däl. Tansa gelişmese, göwresi, belki puluñ ýüzüne gelşer?! Bu pikir onuñ kalbyny
heýjana getirdi. Onsoñ ol haýdan-haý täze milli pul çykarmagyñ
köýüne düşdi, ýogsam gün gijigip, onuñ ýatar wagty golaýlaýardy.
”Bu işde esasy mesele – surat. Puluñ ýüzünde haýsy suratymy
goýmaly: penjeklimi ýa-da köýnekçe, gyrmyzy donlumy ýa-da agar
çäkmenli? Belki, egnime haly horjun gelşer: horjun, horjun, hor-r-r!..
Ertesi irden ol gözüni ýalpa açyp, ýurda jar çekdirdi: ”Kim-de-kim
meniñ suratym ýelmenen puldan bir halta ýygnasa, ol baý bolar,
öýñüze meniñ pulumdan basyñ-da – baý boluñ! Ýag iýip, ýüpek
geýiñ, adamlar! Ýag iýip, ýüpek geýmedigiñ başy ölümli, maly talañly!”
Ol ýük maşynyny täze puldan mas ýükläp, köçeme-köçe aýlanyp,
ilata täze pul paýlady, adamlar oña alkyş ýagdyrdylar-da, onuñ suraty çekilen kagyz pullary gysymlaryna gysyp, dükanlara eñdiler. Bir
günüñ içinde dükanlardaky harytlaryñ ýerine suw çaýkaldy, halk ony
92
ýedi depik gumy bilen süpürdi, soñra dükanlaryñ gapysy suslandy.
Jenap ýoldaş Prezident otagynyñ aýnasyndan bu ýagdaýy gördi,
sandygyny açdy – puly bar. Ýöne haryt ýok. Ony nireden almaly?
Suratly kagyzjyklara haryt berjek ymmatda barmy? Ýok, diñe ol, öz
halkyny jany-teni bilen gowy görensoñ, adamlara şeýle ýagşylyk
edýär. Ýurduñ indiki ykbalyny kesgitlemek üçin jenap ýoldaş Prezident özüniñ dag içindäki Köşgüne gitmelidigine düşündi, ol ýerde
howa salkyn, ýöne siñek az, bolanjasyny-da janpenalary sypdyranok,
bu-da onuñ keýpini gaçyrýar. Bu gün ol: ”Siñeklere degmäñ, özüm
öldürjek! – diýip, ýörite tabşyryk berdi. – Adamlañ-a soñuna çykdyñyz, siñekleri bir maña goýuñ, betnebisler! Menem bir zada
güýmenmeli ahbetin!” Onsoñ ol eline siñek öldürilýäni rezin ”şarpyldygy” alyp, Köşk bagyna ”awa” çykdy, bäş-üç siñegi aparansoñ,
keýpi göterilip, çalaja hiñlendi, soñ howlynyñ iñ salkyn künjünde
owadan syrçaly fontanyñ başyndaky pil süñkünden ýasalan gymmatbaha mahmal örtgüli kürsüsine geçip, oýa batdy: halkyny mundan
beýläk nähili ýaşatmaly?
Adamlar garaşýar, onuñ belli bir karara gelmegi gerek. Eýsem bu
nähili millet? Hiç kimiñ pikir edesi gelenok, bar zat oña garap dur,
eger ol birden gatyja dümewläp dagy edäýse, onda bu gäbi azan millet nätjekkä? Oña öz keýpine çykardan suratly kagyzjyklaryna derek
agyr milleti ýallamak ýokuş degýär, emma alajyñ nä? – indi adamlaryñ jübüsi suratly kagyzdan weşeñ-weşeñ, deregine iýmit bermeseñ,
alla bilsin, ol kagyzlary olar nä dertlerine ýaratjaklar? Ol bolsa suratda iñ gymmatbaha eşiklerini geýip otyr!.. Halk öz garamatyny onuñ
boýnuna atdy-da, dükanlaryñ agzynda uzyn-uzyn nobata düzüldi,
olam indi halky eklemeli-saklamaly, eginlerine eşik, aýaklaryna
aýakgap tapyp bermeli! Adamlar buýruga şeýle bir öwrenişdiler welin, perman bermeseñ, agşam ýatyp, ertir turjagam däller! ”Ýogsada... – diýip, ol şonda howsala düşdi. – Gün ikindi bolup barýar, men
bu nalajedeýinleri näwagt ýatyryp, näwagt turuzsamkam? – ol nakyllar kitabyny açdy: ”Giç ýatyp, ir tur, alty pişegi artyk ur!” Boldy!
Ine, indi diñe Perman çykaraýmak galdy!”
Ol agşam naharynyñ başyna geçip, telekameralaryñ garşysynda, öz
mähriban halkynyñ gözüniñ öñünde garnyny göjedi. Dag içiniñ salkyn howasy onuñ biwagt çak ukusyny tutdurdy; telekameralara ”bes
ediñ!” diýip, elini salgady-da, ol ýatylýan otagyna gitdi. Biwagt ýa93
tyşy ýaly biwagt oýanan jenap ýoldaş Prezident dag Köşgüniñ çolalygyna diñ saldy, beýlesine agdaryndy. ”Ertir men Perman çykaraýyn, goý, adamlar agşam sagat sekizde ýatyp, irden sekizde tursunlar, şonda 12 sagat uky bolýar. Elbetde, entek dünýä tejribesinde öz
halkyna munça ukyny eçilen hökümdar ýokdur. Munuñ ýaly eşret
adamlaryñ nirede gören zady? (Oña derek adamlar ukuda iýmit
iýmezler – bu-da döwletiñ utuşy!) Eýsem, ol öz halkyna entek ymmatda görülmedik eşreti wada bermedimi näme? Berdi. Diýmek, ol
öz halkyny görülmedik ýoldan-da äkitmeli bolar! Onuñ soñra nireden çykjagy belli däl, ýöne nämüçin ol hemme zady bilmelimiş? Ol
nä Hudaýmy? – jenap ýoldaş Prezident ýumşak düşegiñ üstünde
towlandy, aýagynyñ azajyk üşeýändigini syzdy, şol demde-de, gapydan giren kişi onuñ aýaklaryny sessiz-üýnsüz örtüp gitdi... – Her
näme-de bolsa, onuñky ýaly halk başga hiç kimde ýokdur: süñksüz
gowy, belki-de işeññirem! – Elbetde, hakykatda munuñ edil beýle
däldigini ol gowy bilýär, ýöne bu wagt özüniñ resmi pikir edýändigini ýadyndan çykarmaly däl, ýogsam öz halkyna mahsus köpçülikleýin biweçlik birçak onuñ etinden ötüp, süññüne ýetdi: beýle-de bir
bigäne halk bolar ekeni?! Käte ol: ”Adamlar indi-hä çydamazlar... –
diýip, gorkýar. – Üstüme dökülip, bellisini ederler, dardan başak
asmaklary-da ahmal...” Şonda ol ýöwsellemän bilenok, başyny basyrynyp ýatýar. Garaşýar. Bolýan zat ýok. Onsoñ ol ajygyp, bialaç
ýorgandan çykýar, özüni ele alýar: ”Ýok, hiç kimsäniñ menden hasap soramaga haky ýok! Sebäbi men jenap ýoldaş Prezident! Gazetler dogry aýdýarlar: men öz halkymyñ beýik ogly!” Bu ýurtda menden özge başyny çarap bilýän kim bar?!” Ol öz garşysyna gitmäge
synanyşýanlary nägilelik bilen ýatlady, olaryñ içinde jany ýok:
jaýdan ýykylsa-da, maşynyñ aşagyna düşse-de ölüp ýatyrlar, çöpejanbitdiler! Bolşuñyz şol bolsa, kimdir biriniñ garşysyna çykmak
nämä gerek? Gögeleler. Jenap ýoldaş Prezidentiñ özi adamlary erbet
görenok, hatda söýýärem, nämüçin söýmesin? Ol ”il ogly”, gazetler
bir zady bilmän diýmezler. Egindeşleriniñ içinde onuñ mähriban
halkyny şata tutjak bolýanlary ýok däl. Olaryñ iñ erbet ýalñyşy –
halk bilen şygarsyz, guraksy işleşjek bolýarlar, munuñ niçik gorkulydygyny bilenoklar. Jenap ýoldaş Prezident muny bilýär. Onuñ ýüreginiñ näzikligine bu ýurtda düşünjek ýok, hatda Larinem bärden
gaýdýar! Onuñ nämedendir bir zatdan nägileledigi-de syzdyrýar – ol
94
nämekän? Jenap ýoldaş Prezident bu ýurtda kimdir birinden howatyr
edýän bolsa, elbetde, ol adam Larindir, çünki onuñ gözlerinde hojaýnyny ýöwselledýän, köne otdan galan gyzyl köz bar. Geñ galaýmaly: şunça ýyl bile işleşseler-de, jenap ýoldaş Prezident entek bir
gezegem Lariniñ garşysyna gidip görenok, bu ony iñkise goýdy:
gitse nähili bolarka? Ýene-de onuñ aýaklary üşäp ugrady, şonda dek
şu wagt – ol dag içinde digdireýärkä – gowaçaly atyzlarda awgustyñ
jokrama güneşiniñ hezilini süýr depesi bilen görüp ýören halkyna
onuñ gözi gitdi. Niçiksi bagtly adamlar: üşänoklar, digdiränoklar,
doñanoklar! Ah, meniñ bagtyýar halkym! Nädip onuñ bir özi adamlara munça tükeniksiz bagty eçilip bildikä?! Neneñ ol öz-özünden
müñde bir razy bolmasyn, gözüne ýaş aýlamasyn?! Egindeşlerine
galsa, onuñ halkyna bu eşretleriñ ýüzden birini-de dözjek däller,
nähili rehimsiz adamlar! ýok, adamhorlar!..
Onsoñ ýene Larin düşünmese, oña başga kim düşünsin? Elbetde,
Lariniñ şahsyeti haçan-da bolsa bir wagt gutarnykly netije çykarardan has çuñ. Onuñ kimdigi käte bildiräýjek ýaly edýär-de, soñ ýene
näbellilige urýar gidýär. Atam döwründen bäri öz ýanynda işsizlikden köwlenip ýörmändigine jenap ýoldaş Prezident düşünerçe boldy,
çaga däl. Bu çaka Larin birwagt ýumuş oglanyna öwrülip gitmelidi,
emma gider ekeni! Näletsiñmiş, ýogsam ilkibaşda hemmesi oýunoýunlykdan başlandy: oña köksüz dost gerek boldy. Tutundy. Ine-de
oýnuñ dowamy! Hakynatutma kişi ýurduñ ody bilen girip, küli bilen
çykdy, onsoñ barja zat bulaşdy: indi Köşkde kimiñ hakynatutmadygy
anyk däl. Bu gün Larinden özgeleriñ hemmesi hakynatutma bolup
görünýär. Hatda jenap ýoldaş Prezident-de! Bütin Köşk! Onsoñ ondan çekinmäbilseñ çekinme-dä! Lariniñ wezipesi hemişe aldawçy,
ondan çen tutsañ, bagtyñ ýatdygy, aslynda onuñ bu ýurtda näme
işläp ýörendigini indi biler ýaly bolmady, muny jenap ýoldaş Prezidentiñ özi-de indi bilmän geçse gerek? Anyk bilýäni – onuñ garşysyna gitmeli däldigi. Ol Larini jana-jan dost tutunansoñ, häkimiýetiñ
çür başyna çykdy. Larin hemişe onuñ aladasy bilen ýaşap geldi; edil
şu wagtam ol ýuwaşjadan gelip, ýene onuñ aýaklarynyñ üstüni ýapyp
gitdi; Lariniñ elleri güýçli hem mylaýym; belki onuñ öz kakasynyñ
ellerinde-de şeýle ýakym bolandyr, emma jenap ýoldaş Prezidente
olaryñ mährinden ganmak nesip etmedi; munuñ hakyky sebäpkäri
kim: Ikinji jahan urşumy ýa-da ejesi – bu belli däl... Ah, Larin, sen
95
nämüçin ozal özgelere gulluk etdiñ? – ol kellesini has ynjalykly
goýup, ýañagyny ýassyga oýkady. Elbetde, Larin kime zähmet siñdirmelidigini tiz añdy, ýüzüni oña öwürdi, olaryñ dostlugy – birçak
synagdan geçen; ullakan imperiýanyñ gullugynda bişişen adamlara
bir kiçijik özbaşdak döwletde başyñy çaramak – itiñ añsady! Ol ikisi
indi ölümlik aşyk-magşuk kimin aýrylmaz, edil söýgüdäki ýaly bu
dostlukda-da her kimiñ öz belli ýeri, çygry bar: hiç haçan biri beýlekiniñ ýerini tutup bilmez; onuñ synmazlygy şundan dälmidir? Larin
bilen jenap ýoldaş Prezidenti diñe şum ölüm aýra salar; Lariniñ gözüniñ açyklygynda hiç kes jenap ýoldaş Prezidente tokunyp bilmez.
Ýöne, arman, indi Lariniñ aýagynyñ aşagy gorp atýar, bu gidişine
gitse, onda basym jenap ýoldaş Prezident onuñ aladasyny etmeli
bolmasa-da ýagşydyr, ah, niçik gazaply döwür! niçiksi gazaply zamana! Halasgäriñ halys bolanyny görmek tragediýa däl-de, eýsem
nämemiş?! Larinem muny añýan ýaly, ýuwaşaýar, ýöne entek onuñ
güýji güýç däl, islese ol özi bilen jenap ýoldaş Prezidenti düýpsüz
gorpa-da äkidip biljek; ölenlerinde-de, çyn aşyklar deýin, olaryñ
gujaklaşyp ölmeli bolmagy ahmal; erk Larinde, hemme zat onuñ
nämäni saýlajagyna bagly; jenap ýoldaş Prezidentiñ geçmişinden
dünýäni gyzyklandyrjak faktlar onuñ elinde, diýmek, Larin döwüñ
janyny saklaýan baýguş; bu syry ol ikisi aw etiniñ başynda keýp
çekip otyrkalar arada gözlerine ýaş aýlap açdy; jenap ýoldaş Prezident munuñ duýduryşdygyna-da ýa bolmasa, işleriñ gidişinden keýpiniñ kök bolup gözüne ýaş aýlaýandygyna-da düşünip bilmän galdy, ynjalykdan gaçdy, derrew soñky çykaran permanlaryny gözden
geçirdi: olarda Larine ýakmajak näme bolup biler? Olaryñ hemmesini taýynlan özükän ol nämeden nägile bolmaly? Ýöne, diýseñ diýmeseñ, Larin ynjyk adam, hüşgärlik zelel etmez. Eger-de Köşge Hyrly Durgur gelmedik bolsa, onda ol soñky döwürde halys ýekesirejek
ekeni. Hyrly Durgur! Sen niçiksi ýaş, dogumly, görmegeý! Seniñ
gözleriñi göreniñ emenjek çukury neneñ syzlamasyn? Aýallar onda
özlerine arzuw eden görki görseler, erkekler özüne geregini görýär.
Hyrlynyñ abraýyna tokunan jenap ýoldaş Prezidentiñ duşmanydyr,
diýmek, halk duşmanlary; Hyrlym, gör, sen niçik belende galdyñ! Bu
belentlikde uzak saklanmak üçin sen özüñe gowy seretmeli, öz wagtynda, ýöne az iýmeli; sen ýykylsañ, Köşkde gizligin çapak çaljaklar
tapylar, ýöne meniñ ýüregim paralanar! – jenap ýoldaş Prezident
96
ýañy ýyly ötüp ugran aýaklaryny biri birine oýkap, Hyrly Durgur
baradaky ýakymly duýgularyny ösdürdi: – Ah, Hyrlym, edebiýatyñ
ýiligi, Köşgüñ läligi, Prezidentiñ balygy!
Hyrly Durguryñ görki özboluşly: erkege-aýala deñ ýaraýar; elbetde,
Köşgüñ bol-telki iýmiti onuñ bilini ýognatdy, emma gözleriniñ owasy – şol öñküligi... Erkek adam ýarsmasa gowy; elbetde, Hyrly Durgur Köşk şahyry, dolmuşlyk oña gelişýär; Köşk şahyrynyñ bili hiç,
esasy zat – duýgusynyñ näzikligi, teni; onuñ edep-ekramy-da bir
şahyra degýär, ol añyrdan gelýär-de, gol gowşuryp durýar, şonda
jenap ýoldaş Prezident özüni bagtly duýýar; diñe Hyrly Durgur gelensoñ, onuñ Köşgi Köşge meñzedi. ”Ah, Hyrlym! – jenap ýoldaş
Prezident ýekesiremekden ýaña onuñ adyny tutdy: – Sen nirede?
Arman, seni Larin meniñ ýanyma goýbermez, ol girelgede sak oturandyr, ýogsam sen meni ýeke goýmazdyñ.”
Jenap ýoldaş Prezident hamsykdy, onuñ ýogyn gaşlarynyñ aşak
eteginde ýerleşýän bulanyk gözlerinden aýralyk hasratyna garylan
gözýaş damjalary etlek ýañagynyñ üstüne togarlandy. Edil şol wagtam gapynyñ tutusy ýokary galyp, onuñ añrysyndan ýylanyñka meñzeş ýylçyr kelle göründi.
– Salam, jenap ýoldaş-ş Prezident! – gijäniñ ümsümliginde añyrdan
geleniñ sesi aýratyn gyryljyk hem haşyrdyly çykdy. – Larin meni
içerik goýberdi!
– Bilýän, bilýän... Larin akylly oglandyr, ony maña nahak ýamanlaýarlar. Töwerek-daşymyz duşman! görübilmezçilik! görüpçilik!
Şrtda päliýamanlaryñ sany azalanok, men bu belanyñ garşysyna
aýgytly göreş çäresini taýynlaýaryn. Döwlet edaralarynyñ işini düzetmeli, halkda maña wepalylygy terbiýelemeli; ýat pikirleri biziñ
jemgyetimizden haşal ot kimin köki-damary bilen sogrup taşlamaly!
Goý, adamlaryñ ruhy umumy ýokary göterilsin. Olar maña guwanmaga haklydyrlar! Men kim? Halkyñ mähriban ogly, onuñ añsat hem
elpe-şelpe durmuş hakyndaky isleginden, arzuw-hyýalyndan önen
perzendi! Men öz halkymyñ iñ pynhan arzuwlaryna gulluk edýärin,
tä ölünçäm-de şonuñ gullugynda duraryn! Daşymyzy gurşaýan sredany, ýagny howany, suwy, ýeri sandan çykarýanlary halamok, öz
ýurdumda ähli mör-möjekleriñ ýaýnap ýaşamagynyñ tarapdary. Lariniñ-de muña düýbünden garşy däldigi – biziñ üçin kiçi-girim dereje
däl.
97
Jenap ýoldaş Prezident bu sözleri ýüpek haladynyñ tyrpançak jübülerine elini sokup durşuna, eñegini buýsançly galdyryp, teatrda meşhur monology ýatdan okaýan artistiñ sypatynda aýratyn bir içki
dabara bilen aýtdy. Musa Çöli bu sözleri öz gulagy bilen eşidip,
minnetdarlyk bilen onuñ aýagyna ýykyldy. Jenap ýoldaş Prezident
haladynyñ aşak eteginden gyzaryp görünýän ýylmanak injikleriniñ
daşyna örän çeýe oralan müdiriñ sowuk omzamasyndan ini üýşenip,
aýaklaryny zordan çekip aldy.
– Ýeri, ýeri! Tur ýeriñden! Ine, seniñ deputatlyk mandatyñ! Men
saña ynanýan, şonuñ üçinem seni öz ýanyma aljak, sen maña
paýtagtda gerek. Seniñ tejribäñi öwrenmesem boljak däl, onsuz demligimi daralyp barýan ýaly görýän, ahmal galasym gelenok... Senem
hüşgär bol. Bilýäñmi näme, dogrymy aýtsam, men şu Larine o diýen
bir ynanyp baramok... – ol süýem barmagyny dodaklaryna ýetirip,
azajyk aşak egildi, gözüni gorkuly tegeledi, Musany otagyñ beýleki
burçuna çagyrdy. – Içigüjükli adam, özümi bilelim bäri bile işleşip
ýörüs, ýöne içinde nämäniñ ýatandygyny bilip bilemok, ondan
gorkmadygyñ imany ýokdur. Ýöne sen meni gorkýandyr öýdäýme.
Sen özüñden ägä bol, eger onuñ demine düşäýseñ, bu ýurtda adam
ogly señ dadyña ýetip bilmez, ol seni erbet eder! – soñra ol apañapañ basyp geldi-de, pil süñkünden ýasalan kürsüsine çuñ çümüp
oturdy. – Men bu ýurtda özümi bagtly duýýaryn, howasy yssy, ýöne
ilaty maña wepaly, duşmanlardan welin ägä bolmaly. Olar biziñ aramyzda sümsünişip ýörler, ahmal bolsañ, içikdiräýjekler! Sen bir häzir bolýañmy? Bilip goý, men seni gaty alada edinýärin, sen ýaş,
tejribesiz, ynanjañ hem göwnaçyk, emma ikimiziñ töwerek-daşymyz
göriplerden doly, biz gaty ätiýaçly bolmaly, sen diñe ýalñyşmasañ
bolany...
Musanyñ göwnüne bolmasa, edil bu pursatda gapydaky owadan
tutynyñ sepinde Lariniñ ýylçyr mañlaýy hem çüýşe gözleri görnüp
giden ýaly boldy. Ol ätiýaçdan jenap ýoldaş Prezidentiñ arkasyna
aýlandy; myhmanyñ endamyna aralaşan gorky duýgusy dessine jenap ýoldaş Prezidente-de geçdi, onsoñ ol ellerini sandyradyp, Musanyñ uzyn barmakly ellerinden tutup, olary öz ýüreginiñ üstünde
goýdy, soñra ikisi ätiýaçly pyşyrdaşmaga başladylar. Olaryñ ýurduñ
ykbaly hakynda gürrüñ edýändigini añan Larin ýylgyrdy, onuñ derrew ukusy tutdy. Onsoñ ol uka garyşyp barşyna pikir etdi: ”jenap
98
ýoldaş Prezident süñksüz gowy adam, hatda oñurgasyz, munuñ göwnüni ýykan baýnamaz, öz ajalyna-da ölmez, beýle adamynyñ gaty
horlanyp, edil keselli it kimin süñklerini sanaýmaly bolup, gapyrgasy
gapyrgasyndan, bykyny bykyndan geçip, hapa çukuryna ýykylyp
galjagy öñünden añdyrýar; Lariniñ ol betbagtlara ýüregi awady; işişden geçensoñ, Larin nätsin, ol ot bolanda niräni ýakjak?! Elbetde,
onuñ bu ýurda nebsi agyrýar, ýogsam ol bu ýere işe gelermidi? jöwzaly çöllükde öz gül ömrüni köýdürermidi? Ýurdundan awara ýaşarmydy? Ahyr ýaşynda hiç kes ony öz borjuny ýerine ýetirmedi
diýip, aýyplap bilmez, ol bu çöllükde öz başyny çarap ýaşady, wepaly dost ýetişdirdi, oña ýurduñ ykbalyny ynandy; Larin öwünjeñligine
öz ýanyndan duýlar-duýulmaz ýylgyrdy, bu, daşyndan seretseñ, hamana uka oraşyp barýan ýadaw adamynyñ şeýtanyñ aldawyna düşüp
ýylgyrmasy ýaly bir zatdy; gapydan jyklap giden Musa hut şeýle
pikir hem etdi, ol Lariniñ bigünä çaganyñ ýylgyrmasy deýin ýylgyrmasyna goşulyşman durup bilmedi; Larin hoş boldy, oýaly-ukuly
halyna ýakymly döwlet aladalarynyñ oý-pikirlerine ulaşdy, teniniñ iñ
soñky öýjügine deñeç zerur işe gönükdirdi; Lariniñ bu ýurtda birine
gahary gelýän bolsa, onda olar onuñ ýelden-günden gorap ýören
mähriban dostunyñ gadyryny bilmeýänler bolmalydy; erkek adam-da
bolsa, Larin jenap ýoldaş Prezidente enelik mährini duýýar, göýä
göwsünden emme emdirip ulaldan ýaly. Onuñ neresse çaga ýaly
goragsyzlygy Lariniñ bagryny dilýär; jenap ýoldaş Prezident muny
bilýär, ýöne edil kiçijik çaganyñ öz enesinden daşlaşmagy, özüni
duýdansyz howplara sezewar etmegi gowy görşi kimin, olam Lariniñ
gözüne güýdüşip, öz başyny çaramany öwrenjek bolup synanyşýar;
ýogsam, ýüreginiñ bu ýukalygy bilen onuñ her ädimi Larine gaýgy;
ol hatda öz duşmanlaryny-da adam şekilli ýigrenip bilenok. Arada ol
Diller institutynyñ ýokarky gatynda öz garşysyna çykanlaryñ biri
bilen hoşlaşmaga bardy; ol kişi oña ”Sen zalym!” diýip gygyranda,
jenap ýoldaş Prezident öz garşydaşynyñ halyna ýüregi awap, gözüne
ýaş aýlady, soñam hamsygyp, şeýle diýdi: ”Men seniñ aýalyña ýa-da
öý goşlaryña degemog-a, senem meniñ elimdäki häkimiýetime tokunma! Eger men seniñ aýalyña ýapyşan bolsam, şonda sen näderdiñ? Meni halamazdyñ gerek?! Siziñ baryñyz şonuñ ýaly: öz zadyñyzy ile beräýjek däl, ýapyşyp ýatyrsyñyz, emma, başarsañyz, meniñkini elimden aljak, gör siz nähili doñýürek! nähili päliýaman! Siz
99
meniñ elimden häkimiýeti alsañyz, men onsoñ nämä güýmenmeli?
Haýsy ýurdy dolandyrmaly? Men bu ugurdan ýörüteleşen, okan
okuwym, toplan tejribäm şu ugurdan, başga hünärim ýok! Siziñ
göwnüñizi görjek bolup, men ahyr ýaşymda bir döwüm çörege zar
bolmalymy?!”
Adamlaryñ küýünde nämäniñ ýatandygyny bilmek çetin, olar edil
möý ýaly betlagam, başarsalar, ýapyşjak-da – endamyña zäherini
dökjek, hemme zady agdar-düñder etjek, belkem olar ýurdy-da ellerine aljakdyrlar? Gör, olaryñ işdäsi nähili! Ýok, olaryñ gözüni jenap
ýoldaş Prezidentiñ ýagşylyklary tutar, olar öz päliýamanlygynyñ
gurbany bolarlar, edil heýwere keseleline uçranlaryñ kösenip ölüşleri
ýaly olaram kösenip ölerler. Ýogsam, edil beýleki adamlar ýaly,
olaryñ köçeden barýarkalar maşynyñ aşagyna düşübem, iş ýerinde
basgançakdan ýykylybam ölmegi ahmal, hatda köpüsiniñ bagtyndan
hut şeýle ajalyñ çykmagy, belki kanunalaýykdyr? Ýöne bu olar üçin
uly hormat bolardy. Larin olaryñ hemmesiniñ şeýle öljekdigine ýerlikli şübhelendi, olaryñ hemmesi beýle tarpa-taýyn ölüme mynasyp
adamlar däl; aslynda olar özlerine haýsydyr bir bähbitli ölümi-de
saýlap bilerler, şonda olaryñ yzlarynda galan çagalary hökümetden
kömek puluny alyp bilerdi; her bir ata öz çagalarynyñ we aýalynyñ
geljegini özüniñkiden ileri tutmalydyr; şonuñ üçinem, aýdaly,
haýsydyr bir jaýyñ ikinji ýa-da üçünji gatyndan ýykylyp ölmek ýa-da
syrkawhanada çalasowat şepagat uýasynyñ eden emelsiz sanjymyndan, gyssagarada gerekli derman tapylmazlygyndan kösenip ölmek –
beýle adamlar üçin pes dereje däldir! Belki, olaryñ käbirini işdeş
aýallarynyñ gabanjañ ärleri atyp öldürer? Nähili owadan ölüm, ýöne
yzynyñ gürrüñi köp. Mundan olaryñ ýaz wagty daga gezelenje gidip,
aýagy taýyp, dagdan ýykylyp öleni müñ paý gowy dälmidir! Elbetde,
olaryñ her birine adam şekilli ölüm tapyp bermek añsat iş däl. Käşgi
munuñ üçin oña artykmaç aýlyk tölenýän bolsa? Ýok, Larin munuñ
bilen dynç alýan wagtlary meşgullanmaly bolýar, bu gidişine gitse,
bir günden bir gün ol: ”Nädip ölseñiz, şeydip ölüñ!” diýip, döwlet
ähmiýetli bu işi başyndan aýlap urup-da biler; ähli zady owadanlamak, ýylmamak, goñşy döwletleriñkiden pes bolmadyk medeni derejä ýetirmek diñe oña galmandyr. Olam adam-a! Edil beýleki adamlar
ýaly olam – etden hem süñkden ybarat! Bu agyr işe ol niçezar çydar?!
100
Şol wagt beýleki jaýda nämedir bir zat diýjek bolup agzyny açmaga
synanyşan Musany jenap ýoldaş Prezident yşarat bilen duruzdy.
– Ýuwaş bol, men onuñ uklap ýatandygyna asla ynanamok, hakykaty menden eşit, ol gaty mekir, elhenç adam, ikimiziñ çakymyz däl,
sen muña iru-giç düşünersiñ, ýöne giç bolar...
Bu sözleri eşidende Musa Çöli gözlerinde sowuk gedemligi gizlese,
Larin goñşy jaýda öñküsindenem beter mähirli ýylgyrdy, başyny
çalaja ýaýkady: ”Älhepus, bu adamynyñ ýüreginiñ açykdygyny, edil
neresse çaga ýaly, ýüregindäki – dilinde, ömri uzak bolaýsyn
ýöne...”
– Sen ýöne meniñ diýenimi içiñde sakla, ýogsam ardurja heläk bolarsyñ, Larin adamynyñ günäsini geçýän däldir. Ol ikimiz köne dost,
şonuñ üçin ol meni gowy görýär, menem ony. Ýöne ol menden başga
adamyny halanok, köp adamlar muña düşünip bilmän ölüp gidýär.
Men nädeýin, oña: ”Sen meni gowy görme, beýlekileri gowy gör!”
diýeýinmi? Buýruk bereýinmi? Bu barypýatan ýeñilkellelik bolmazmy? Bu ýurtda her kim öz başyny çarasa-da az däl. Meñ ýerimde
bolsañ, senem etmersiñ, menem siz ýaly adam-da, nä meni jadygöýdir öýdýäñizmi? Onsoñam, birinjiden-ä, kimi gowy görmelidigini
Lariniñ özi gowy biler, ikinjidenem, onuñ meni hemme kişiden gowy
görmegine men asla garşy däl. – şu ýerde ol Musanyñ gulagyna dodaklaryny degrip, çygly hem gyzgyn pyşyrdady: – Ähli janlyjandaryñky dek meniñem ýekeje janym bar. Görşüñiz ýaly, ýaşaýyşymam hiç neneñ däl, illeriñki meniñkiçe ýok... – soñra ol ýene sesini gataltdy: – Bolýar onda hoş! Zähmetkeş daýhanlara menden ýalkymly salam aýt! Ýañkyny ýitirmegin, mandatyñy... Ýitirseñ, başga
ýokdur, hemmesini eýýäm paýladym. Mejlisiñ sessiýasyna gel, bileje
oturyp, birek-birege guwanyşyp, agzybirje işläris, soñ men seni bankede çagyraryn, sen bankedi gowy görýäñmi? Meñ-ä öler aşym –
banket, gizläp nädeýin? Men saña Köşgüñ bagynda goýun soýduryp,
täzeje böwrek getirderin, hiç zady gaýgy etme, ikimiz dost bolarys!
Musa Çöli çykyp giden badyna Larin gelip, otagdaky telekameralary işe girizdi, alagarañky otagyñ içi ýagtyldy; jenap ýoldaş Prezident
mähriban halkyna säher salamyni berip, eşiklerini geýinmäge durdy... Eşigini geýnip, kabulhana çykdy-da, gelip, Larini mähirli gujaklady. Soñra daşary ýurtlardan gelen wekilleri kabul etmäge başlady.
Ilkinji bolup, Beniniden gelen üç adamdan ybarat delegasiýa kabul101
hananyñ girelgesine geldi, olar pete-pet öñlerinden çykan Musa Çölüden ýiti teleinterwýu aldylar. Reportajda Musa Çöli nazarkerde
müdir hökmünde başdan-aýak ýylgyryp göründi. Çünki olar Musanyñ Köşgüñ gapysynda özlerine ir bilen pete-pet gabat gelmesine
örän ýokary baha berdiler. Jenap ýoldaş Prezidentiñ öz göwünlerine
has-da ýarajakdygyna olar bada-bat gapyda düşündiler. Şonuñ üçinem duşuşyk gös-göni gujaklaşmakdan hem sowgat alyşmakdan
başlandy. Jenap ýoldaş Prezident özüne getirilen lowurdap duran
gymmatbaha awtomobile Köşgüñ aýnasyndan göz aýlap, iki ýurduñ
arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdi; beninililer begenişip,
indikide oña şahsy uçar getirmegi wada berdiler; jenap ýoldaş Prezident öz däbine görä, günortanlygyny myhmanlar bilen paýlaşyp,
olara nahar başynda antly şerap içirdi: ”Bize bu ýurtda sizden başga
jenap ýoldaş Prezident derkar däl!” Dürli tagamlardan dadyp, olar:
”o-o!” diýişdiler.
– Jenap ýoldaş Prezident, siziñ işdäñiz iñ ösen demokratik ýurtlaryñ
ýolbaşçylarynyñkydan-da gala! – myhmanlar guwanç bilen barmaklaryny ýaladylar.
Soñra beninilileri paýtagtyñ fontanlaryna aýladylar, suw dik ýokaryk çüwdürilende, myhmanlar munda öz ýurtlaryndaky fontanlara
uly meñzeşlik gördüler, asyl görlüp oturylsa, olaryñ ýurdunda-da
fontanlaryñ suwy dik ýokaryk atylýan ekeni! Bu olaryñ kalbyny
heýjana getirdi, nähili ajaýyp ýurt! Gaýtadan Köşge gelenlerinde,
Köşgüñ iñ içki zalynda gözüñe söweýin bir bedew at agyzdyrygyny
çeýnäp, olara garaşyp duran ekeni, beninililer ol ata üç bolup artlaşdylar-da, ”niredesiñ Benini?” diýip, Köşkden gös-göni öz ýurtlaryna
garşy ýüzin salyp gitdiler. At aýagynyñ güpürdisine ylgaşyp ýola
dökülen halk köpçüligi derrew goltuklaryndan ýaşyl baýdajyklary
çykaryp, depelerinde galgadyşyp, biri biriniñ aýagyny basgylaşmaga,
özara öýkeleşmäge, ötegçileriñ yzyndan boýunlaryny uzadyşmaga
we berk kada laýyklykda ýuwaşdan arama çenli şatlanmaga başladylar.
Köçelere dökülen mähriban halkyny synlap, ýüreginiñ çuñundan
çogan iñ inçe duýgularyna bäs gelip bilmedik jenap ýoldaş Prezident
Köşgüñ belent aýnasynyñ öñünden aýryldy-da, özüni ýatylýan otagyndaky tyrpançak ýüpek düşege çümen ýylmanak telefonuñ üstüne
102
oklady we eýýämden ýakymly duýgy bilen sandyrap ugran ýogyn
barmaklaryny gowy görýän sanlaryna degirdi...
– Ýagdaýlañ gowujamy? Näme jañ etmedik bolýañ, nä begenip
öläýer öýdýäñmi? Gowy görülýäniñi bilýäñ-dä, tulajyk! Hany, gürrüñ ber, näme täzelik?
– Ezizim! myssyjagym! Sensiz geçen günüme nälet! Seniñ ýüregiñi
ýyladyp biljek habarymyñ ýok güni ölsemdim, gömülgen kibi gömülsem, suw bolup çägä siñsem, gözden uçsam, gulakdan gaçsam!
– Saña ynanman, kime ynanaýyn? Sen meniñ başymyñ täji, gözümiñ nury, halkymyñ biri, Musanyñ ýary... iýen-içeniñ özüñki, göreneşideniñden habar ber?
– Ol indi deputatlyga dalaş edýär.
– Wepadar dostum näme işleýär?
– Hile gurýar.
– Ah, Abat, Abat! Aýallary ýigrenip bilemok, Hudaý bilsin, nämeden?
– Hudaýyñ bilmedigini hatyn biler!
– Seniñ eşigiñ ýukamy?
– Ýuka... öñümde diñe pagta ýygylýan fartugym bar.
– Içkiñ?
– ...bar, ýukajyk, añrysy görnüp dur...
– ...reñki?
– ...gülgüne...
– ...”gülgüne” diý!
– ...gülgüne!
– ...ah, gülgüne!..
Telefonyñ trubkasyndan aýagyna basylan çaga güjügiñ çyñsamasyna meñzeş ses eşidilip, endigan ”guguldy” gelende, aýal ezilen dodaklaryny ýene bir gezek trubkanyñ tompuk ujuna emaý bilen ýetirip, aýaklaryny ýygnady-da, gözlerini ýumdy. Jenap ýoldaş Prezident
bu wagt eýýäm dikelip, egnine haladyny iltäp durdy; ol çalaja hiñlenip, inine suw almaga ýöredi. Salkyn suw onuñ tenine hoş ýakdy,
onsoñ ol uzak wagtlap depesinden suw akydyndy. Abat bu wagt öz
syýasy yhlasynyñ döwlet derejesinde gadyrynyñ bilinjekdigini
öñünden syzyp, telefonyñ ýanyndan aýrylyp bilmän otyrdy. Şonuñ
üçinem telefon gaýtadan jyññyrdanda, ol trubkany üýtgeşik mähir
bilen gysymlady.
103
– Abat diñleýär...
– Bu ýoldaş Larin. Hoş habary size hut özüm ýetireýin
diýdim. Jenap ýoldaş Prezidentiñ sizi ýurdumyzyñ Amerikadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi edip bellemekçidigine men birjikde şübhelenemok. Siz bu täze wezipäñizi-de
öñküsi ýaly ýurdumyzyñ öz içinde alyp bararsyñyz. Siziñ çalt
ösüşiñize guwanmazlyk mümkin däl. Bu täzeligi, belki-de,
Nabatdan gizlemegiñ geregi ýokdur, biz oña ynanýarys, Tal
Tagana, goý, muny hut onuñ özi ýetirsin. Hojam Şüküre haçan
we nädip ýetirmelidigini özüñ çöz. Ýöne bir zady bilip goý:
habarlar çeşmesi kimiñ elinde bolsa, iş ýüzünde ýurduñ eýeside şoldur. Habarlary başyna goýberen iru-giç olaryñ gurbany
bolar. Iñ ygtybarlysy – olary özüñ döretmekdir. Habar hem
gizlin syr ýasamagyñ hötdesinden gelseñiz, özüñizi ynamly
duýup bilersiñiz, onsoñ bu dünýä: açsañyz – aýañyzda, ýumsañyz-da – ýumrugyñyzda bolar!
104
6. Diller instituty
Iñ gizlin habarlary döredýän, soñra-da olary yzyna kabul edýän, gizläp saklaýan we olar boýunça adamlaryñ hem-de ýurduñ ykbalyna öz
täsirini ýetirýän gaşlak müdir gözleriniñ üstüne abanan atyñ ýaly
ýaly irimçik gaşlaryny elindäki gödeñsi daragy bilen yhlasly daraşdyryp, üstünden aýalaryny taýly gezek ýöretdi-de, añyrdan ýetip
gelen myhmanlara gujak açdy.
– Diller institutyna hoş geldiñiz! Geliñ-geliñ, şeýdip, bizdenem
habar alyp duruñ-a! Günbatarda ornaşyp, bu taýlaryk gara salman
oñýañyz. Nirede ýaşasañyzam, bu gözel ýurdy unutmak bolmaz.
Dogry... Ewropa – Ewropadyr, onuñ aly kändir; Ewropa, islese,
maýmyndan adam, islese-de, adamdan maýmyn ýasap bilýär. Ol
ýerde televideniýe, radio, ya-da, meselem, gazet-jurnal gyryñ daşy
ýalydyr; efirde siziñ-de sesiñizi eşitmän duramzok, şonuñ üçinem
ýüzüñizi görmek – ýetibilmez arzuwymyzdy; ine, indi bolaýdy, öz
aýagyñyz bilen geldiñiz. Menem, ynha, öz ýerimde, size garaşypjyk
oturandyryn. Ýurt bilen tanyşdyñyz, armanyñyz galan bolsa, aýdyñ!
Ýogsa-da, men ”Ýurt sesi” diýip, gazedem çykarýan. Esasy işimiñ
daşyndan. Ol ses meniñ edaramdan çykman, eýsem nireden çyksyn?
Daşary ýurtlularyñ ýüreginiñ näzik bolýandygyna-da biz belet, ony
göz öñünde tutarys, hiç zady gaýgy etmäñ! Gowy ýeri: siziñ gönderme kagyzyñyzda biziñ Institutymyzda näçe wagt geçirmelidigiñiz
aýdylmandyr, diýmek, hiç hili gyssanmaçlyk ýok, bu ýerde isledigiñizçe galyp bilersiñiz. Onsoñam, kagyz boldy bolmady – hiç, biziñ
ýigrendigimiz hat-ýazuw, maña galsa, öñki ýazylanlaram ýok etjek,
kitap adamyny öz arassa aslyndan azaşdyrýar, ”Okadygyça – kapyry
çykar!” diýen nakyly eşidensiñiz-le. Esasy zat – Watana ýürekden
hyzmat etmek. Ildeşlerimiz üçin – adamlaryñ hemmesi-de biziñ ildeşimiz! – biziñ gapymyz elmydam açykdyr! – elindäki hatly kagyza
siññin sereden müdir ýene-de gaşlaryny daraklady. – Gowy kagyz,
umuman, adaty diýseñ-de boljak, bular ýaly gönderme bilen bize köp
gelýärler, esasan-da öz raýatlarymyz, hawa, ynha... Elbetde, bu biziñ
Diller institutymyz üçin uly hormat, jenap ýoldaş Prezident bize
ynanýar, diýmek, biziñ işimiz indi ýurdumyzyñ çäginden çykyp,
105
halkara ähmiýete eýe bolýar! Bu hemmämiz üçin guwandyryjy faktdyr – müdir daragyny goltugyna gysdyrdy-da, çapak çaldy. Myhmanlar-da, keýpine şärik, çapak çaldylar. – Ýene-de bir gezek: hoş
geldiñiz! Täze-täze adamlar gelip durmasa, dogrusy, ýüregiñ gysyberýär, örän şat! – soñra ol myhmanlaryñ orta boýly buýra saçlysynyñ owadan ala gözlerine barmagyny begençli çommaltdy: – Siz
Ýumry Derili bolsañyz gerek?
– ”Derili” däl, Dereli...
– Bagyşla-añ! – müdir edil ile belli teatr artisti deýin sesini ýeñiljek
süýkdürip, aýagyny şarpyldadyp jüpledi. – Bulaşdyrdym! Dereli,
elbetde Dereli. Ýöne onda-da deriñizem-ä erbet däl, örän galyñ görünýär, adatça, akýagyz adamlarda siziñki ýaly galyñ deri seýrek
duşýar. Olaryñ taýaga çydamsyzlygy-da şondanmyka diýýärin... – ol
ikinji myhmana ýüzlendi: – Size bolsa, biz belet, sesiñizi eşidenimden tanadym, siz, elbetde, şol Azan Atdaş bolmaly!
– Bildiñiz. Men şol meşhur jurnalist Firez Razan Atdaş! – diýip,
guşaklygyndan ýokarysy jozzuk ýüz bolup duran myhman alkymyny
asyp, öwünjeñ halymsyrady.
– Jurnalist diýseñizläñ... elbetde, jenap: ýigide müñ dürli hünär-de
azdyr. Gündogarda siz ýüñi ýeten söwdagär, Günbatarda – jurnalist,
okeandan añryk aşsañyz – kimdigiñizi al-arwah bilsin! Ýöne biz
gadyryñyzy bilmeýändir öýtseñiz, ýalñyşarsyñyz. Ýurduñ daşynda
biziñ sizden başga ýapyşalgamyz ýokdur, ruhdaşlygyñyzy her ädimde duýýarys, doga käriñiz peýdakeşlik bolansoñ, siz biziñ özümiziñki bolýañyz duruberýäñiz, sebäbi: ”Söwdanyñ Hudaýy – peýda!”
diylipdir, onsoñ biziñ Hudaýymyz bir bolýar ahyryn, gaçyp gitjek
ýeriñiz nire? Biziñ üçin siziñ belli bahañyz ýok, ýöne näçe bolsa-da,
ondan gaçmarys. Diller instituty siziñ tejribäñize asylam mätäç. Sebäbi siziñ gepiñizi yzygiderli diñlän adam söz azatlygyny ýigrenmän
bilmez.
Firez Razan Atdaşyñ jozzuk ýüzünde utanja meñzeş alamat görünjek ýaly etdi, ýöne bu uzaga çekmedi. Ol ýanyndakylara gabak astyndan gümürtik göz aýlap, gümmi-sümmä urdy:
– Bizde tejribe näme işlesin, göwnüme gelenini edýän welin, olam
peýdaly bolup çykýar. Meselem, men özüme işgär alamda, isleg
bildirýänleriñ içinden diñe öz atdaşlarymy saýlaýan. Olar-da güýçli
106
jurnalist, demokrat bolup çykýarlar. Nesibe-dä, näme diýip, näme
aýtjak!
– Ine, bize ýetmeýän tejribe-de şol-da! – Diller institutynyñ müdiri
heýjana geldi: – Nähili ajaýyp usul: ýönekeýden netijeli! Atdaş bolmasa, asla işe alma diýsene! Biz welin, pikirdeş gözläp, onuñ anketini okap, ýedi arkasyny yzarlap, kösenip ýörüs!
Açylmasyz syrynyñ açylybermeginden ätiýaç eden Firez Razan
Atdaş gapdalynda atyñ ýaly dek irimçik gara saçlaryny barmaklap,
häliden bäri dymyp duran ýigide tompuk barmagyny çommaldyp,
gepi başga ýana sowdy:
– Tanyş boluñ, bu ýigide Gire Zire diýýärler. Munuñ-da jurnalist
bolmak höwesi bar, şonuñ üçinem men muny siziñ ýanyñyza getirdim. Onsoñam... – myhman müdiriñ gulagyna küti dodaklaryny degrip janykdy: – Günbatarda jurnalist bolmak üçin, Gündogarda söwda etmesi gerek, baý bolmasañ, bolanok: ne Günbatarda ýüzüñe seredýäler, ne-de Gündogar-da. Atam pahyr baýdy, biziñ uly howlymyz bardy, süri-süri dükanymyz, halymyz, talabanymyz bardy...
Ýöne bir gün irden men zyndanda oýandym, kakam pahyr meni bergisiniñ ujundan algydarlarynyñ eline berip goýberse nätjek, it ogly!
Bizem taryh-maryh diýlen zady okadyk, ol-bul ýañky näme diýasyñyz, ata Watan diýañyzmy-nämemi...
Diller institutynyñ müdiri gaşlaryny ynjyly çytdy.
– Meniñ gulaklaryma rehim ediñ, hormatly gonak, arasynda dynjyñyzy alyñ!
Firez Razan Atdaşyñ ýag damsam diýýän etlek dodaklary özüne
adatdan daşary göwniýetijilik bilen derrew ýañadandan açyldylar:
– Gezek bersek, soñ siziñ bize gezek berjegiñizi bilemiz ýok, biz-de
sizler ýaly... jurnalist-murnalist bolup işleýas, şul-bul... Meselem,
meniñ dostum Dereli dil bilen gyzyklanýar, men bolsam – pul bilen,
he-he… Puly bolmadygyñ dili bolarmy, ýok! Emma Dereli: ”Dili
bolmadygyñ puly bolmaz” diýýär. Onsoñ biz jedel edip, bärik
gaýtdyk! Gire Zire Atdaşy-da alyp gaýtdyk.
– Hoş geldiñiz! Oñarypsyñyz! – Institutyñ diwarlaryna ornap giden
tukat ümsümlik müdüriñ gyryljyk sesinden tisgindi. – Siziñ jedeliñizi
çözmek üçin ata Watan elinden gelenini eder! Elbetde, munuñ üçin
birneme wagt gerek bolar, ýöne siz üçin biz wagt-da, isleg-de, müm107
kinçilik-de taparys. Biziñ milli demokratiýamyzyñ şertlerinde her bir
adama aýratyn üns berilýär, gije-gündiz onuñ aladasy edilýär...
– Demokratiýa diýmek, elbetde, erkin söwda diýmek. Eger men
islän zadymy siziñ ýurduñyzdan alyp, islän ýerimde-de satyp bilsem,
onda sizde demokratiýanyñ barlygy...
Müdir bloknodyna bellik etdi.
– Bu diýeniñizi biz ýerine ýetirjek bolarys. Ýöne... – müdiriñ ýüzünde irgözünden ynjalyksyzlyk alamaty görünjek boldy. – Biriniñkä
gonak bolan her demde söz alyp gaçmaz. Siziñ öz gürleýän ýeriñiz
bar, biziñ-de – öz. Bu gün siz biziñ myhmanymyz. Maña diñe resmi
suratda: ”Diller institutyna hoş geldiñiz!” diýäýmek galýar!
Ýumry Dereli bilen Gire Zire zordan: ”sag boluñ!” diýip ýetişdiler.
Firez Razan Atdaş ýagly balyk dek tyrpançak göwresini müdir bilen
Ýumry Dereliniñ arasyna sokdy.
– Minnetdar! Biz bu taýyny öz ýurdumyz diýip, ýüregimizde söýgi
göterip ýörüs. Söwda-satyk bolsa, gowy boljak, söýgümiz has-da
artjak. Watany gury söýmek bizlere gaty gymmat düşýär. Ata-baba
hünärimiz-de çüýräp ýatyr, satmak-satyn almak biziñ ökde kärimiz...
Näme diýasyñyz oña, täjir-mäjir diýañyzmy-nämemi... Bagyşlañ,
ýöne şertnama baglaşmazdan ozal siziñ adyñyzy soramasy gerek... –
myhman goltuk jübüsinden derrew taýyn şertnama çykardy. Eline
galamyny aldy-da, ýagdan ýaña lowurdaýan mañlaýyny gaşady. –
Ine, bu ýerde siziñ adyñyzy görkezsem, size-de girdeji geler. Size
kim diýerler?
– Maña ”Jenap ýoldaş müdir” diýseñiz ýalñyşmarsyñyz. Ýalan
adym Gaşlak. Çyn adym diñe nobatdaky harby çin berlende tutulýar.
Ony diñe dogran enem, özüm hem döwlet kadrlar bölüminiñ müdüri
biler. Hatda göbegenem-de meniñ çyn adymy bilýän däldir! Aýyplaşmañ, işimiziñ gylygy şeýle, biz dil ylmynda adatdan daşary çuñ
barlaglary geçirýäris… Geplände ýygy-ýygydan gödek grammatiki
ýalñyş goýberýänleriñ dilini sogrup, düýpli labaratoriýa barlaglaryny
geçirmeli bolýarys. Ýöne... siziñ dilde goýberýän ýalñyşlaryñyzy
görüp, meniñ öz Institutymyza ýüregim awady. Bize niçik agyr işiñ
garaşýandygy görnüp dur. Siz ata Watanda bilimiñizi artdyrmaly
bolaýsañyz gerek... Siz entek ojagaz kagyzlaryñyzy öñki ýerine salyñ. Onsoñ-da, at meselesine gezek gelende, ýene bir zady aýdasym
gelýär: biziñ ýurdumyz üçin jenap ýoldaş Prezidentiñ belent ady
108
ýeterlik. Indiden eýläk size-de özbaşyñyza at gerek bolar öýdemok,
ol size artykmaç ýük bolar. Muman, biz siziñ çakyñyzdan has myhmansöýerdiris... Siz bu taýdan añsat yzyñyza gidip biläýermikäñiz?
Bu sözleri eşiden myhmanlaryñ bedenine ilkinji galpyldy aralaşsada, entek olaryñ ýüreklerine düýpli howsala düşmändi.
– Hormatyñyz üçin minnetdar. Ata Watanda öz ene dilimizde gepleşmek biz üçin uly bagt. – Ýumry Dereli dowam etdi: – Ýöne, Hudaý saklasyn, köçelerde bize güñ, lal, peltek adamlar kän duşdy,
olaryñ ”bazzyldysyna” düşüner ýaly däl. Siziñ arassa gepleýşiñize
telpek goýaýmaly! Bu ýere gelenimiz gowy bolaýypdyr, ýogsa ilki
tas garşy bolupdyk.
– Aý, ýog-a! Heý-de garşy bolaýmak bormy?! ”Tanamaz – sylamaz” diýleni-dä... Garşylyk, jedel – durmuşy ösdürýär diýip, bizem
eşidýäris, meselem, ”Garşylykly taraplaryñ göreşi we birligi” – klassyky ynanç! Ýöne öz ýurdumyz üçin biz baky ylalaşyk ýoluny
saýlap aldyk, çünki biz adamzat taryhynda bu ýoluñ ähli gizlin
mümkinçilikleriniñ entek ulanylmandygynyñ üstüni açdyk. Diýmek,
kimdir biri ol mümkinçilikleri herekete getirmek töwekgelçiligini öz
üstüne almaly, eýsem jenap ýoldaş Prezidentden özge ony kim başarsyn? Ýeri bolýar, başlangyç klas okuwçylaryna berilýän düşünje
bilen siziñ kelläñizi garjaşdyryp oturmaýyn. Gowusy, sizi öz Institutymyzyñ işi bilen tanyşdyraýyn. – orta boýly gaşlak müdir, aşa garaýagyz sypatyna laýyk garañky gözlerini daşary ýurtly myhmanlara
gezekli-gezegine dikip, ýylgyrjaklaýan ýaly etse-de, diýseñ saldamly
gepledi: – Men bu ýerde kän wagtdan bäri bar. Ozal ýazyjy bolup
işleýärdim. Ýazyjylygam gowy kär, ýöne bu häzirki işim – öz
ugrum-da. Ýurdumyzda müdümilik ewolýusiýa dowam edýär, onsoñ
ýolbaşçy işleri synagdan geçen kadrlara ynanman, kime ynanjak?
Ozalky kärdeşlerimiñ hem köpüsi bu ýerde, ”Halk döredijilik öýünde”… Onsoñ bu Instituty maña ynanman, kime ynanjak?
– Halk döredijilik bölümiñiziem barmy? Ol-a tüýs meniñ ugrum
eken! – Ýumry Dereliniñ begenji içine sygmady.
– Elbetde, bar! – diýip, müdir onuñ begenjine gosüldy. – Ozal men
öz galamdaşlarymy edebi tankydyñ üsti bilen watan wepaly edip
terbiýeleýärdim. Ol kyn usuldy, irginsiz hem uzak zähmeti talap
edýär. Indi, ynha, has täsirli usullary ulanýan. Bu meniñ öñki işimiñ
gös-göni dowamy diýseñ-de boljak. Umuman, meniñ şol öñki kärim:
109
alyjym üýtgese-de, harydym üýtgänok. Her kimiñ öz halaýan işi-dä.
Bu ýerde lütüm çykýança işlesem-de, eger walla ýadawlyk duýamok,
her günüm – açyş. Meselem, öñler men adamynyñ çydamlylygynyñ
çägi ýokdur öýderdim, ýöne beýle däl ýaly, göwnüme bolmasa, ol
çäk bar; elbetde, gutarnykly netijä gelerden entek ir, onuñ üçin entejik zähmet çekmeli boljak. Biziñ institutymyza ”Institut-labaratoriý”
diýilmegi-de şonuñ üçin: biz irginsiz gözlegde. Özüm barada aýtsam,
dogrusy, zehinim diñe şu ýerde doly açyldy, ol edil kapasadan çykana döndi. Atam döwründe ýazan edebi-tankydy makalalarym Diller
instituty döredilende, esasy gollanma boldy. Olar öz aktuallygyny
ýitirenok, gaýtam ýyl geldigiçe gymmaty artýar. Olarda döredijilik
işgärleriniñ arasynda kimiñ kimdigi öñden subut edilip goýlan, diñe
çäre göräýmek galýar. Günäsini boýnuna goýjak bolup azara galyp
ýörmeli däl, hezillik, islän adamyñ, baryp, gös-göni ýakasyndan
tutaýmaly. Biriniñ-de: ”Nämüçin?” diýip biljek gümany ýok. Meniñ
gözümi görenlerinden, işleriniñ gaýdandygyny bilýärler. Çünki olaryñ hemmesi-de meniñ ozalky dostlarym. Olaryñ içinde näçe tezegiñ
ýatandygyna men belet. Belki, olaram maña beletdirler, ýöne peýdasy nä, adama ýazgytdan gutulma barmy? Geñ görmäñ, soñky döwürde men halys dindaram bolupdyryn. Meselem, men öz kärdeşlerimiñ
haýsy biri barada ýatlama ýa-da nekrolog goşgusyny ýazsam, ol bendäniñ çöpi tükenýär duruberýär. Onsoñ men hudaýhon bolman, kim
bolsun? Gizläp nädeýin, häzirki işimiñ-de ýazyjylyk bilen umumy
ýeri örän kän: öñem adam terbiýeleýärdim, häzirem. Ýöne öñ birneme abstrakt terbiýedi: alsa-da öz işi, almasa-da. Emma ol döwürler
geçdi, bizde milli demokratiýa kök urdy, indi men öz nukdaý nazarymy ýazyjylaryñ gös-göni gulagyna guýýaryn. Elbetde, muña hemmesiniñ gulagy, beýnisi çydanok, ýöne onuñ üçin biz terbiýeçilik
işini sähelçe-de togtadyp bilmeris. Hakymyz ýok.
– Muña nähili düşünmeli? – myhmanlar biraz geñirgenip, biri biriniñ ýüzüne seredişdiler. Ýumry Dereli çintgedi: – Olar nämä çydanoklar? Olary nämüçin Diller institutyna zor bilen getirmeli bolýar?
Olar şeýle çalasowat adamlarmy?
Müdir ajy ýylgyrdy.
– Käşgi... arman, ýöne olar okumyş bolup, ene dilimiziñ grammatiki kadalaryny, aýratyn-da sintaksis, ýagny sözlem düzüş kadalaryny
gödek bozýarlar. Onsoñ biz olary tertibe çagyrmaly, hatda ýörite
110
okatmaly bolýarys. Käbir zerur grammatiki kadalary zor bilen gulaklaryna guýýarys, muña-da olaryñ käsiniñ gulagynyñ bardasy çydanok, ýarylýar, käsi dälireýär. Aslynda sag adam jenap ýoldaş Prezidentiñ syýasatyna ters gelýän sözlem düzermi? Olar öñden däli, bu
ýerde biziñ nä günämiz bar? Daşary ýurt metbugatynda Diller instituty barada makala ýazsañyz, meniñ diýenimi ýatdan çykarmañ: biz
dilde jenap ýoldaş Prezidentiñ deñsiz-taýsyz obrazyny döretmek
bilen meşgullanýarys. Bu iş daşary ýurt metbugatynda ylaýyk baha
berilmegine mynasypdyr. Egindeşleriniñ oña goýýan sarpasy aýdypdiýerden ýokary. Goý, bu barada biziñ partiýamyzyñ lideri size gysgaça gürrüñ bersin...
Müdir gyllak elini diwardaky düwmä ýetiren badyna ýokardan aşak
demir gözenek sallandy we onuñ içinde oturan jandar özüniñ adama
meñzeşligi bilen myhmanlary añk etdi. Gözenek ýere ýetip ýetmänkä-de, partiýanyñ lideri lakgyldap başlady:
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ merhemeti çäksizdir. Jenap ýoldaş Prezident dogruda gürrüñ barýarka biz galan çeşmeleriñ baryny aýgytly
inkär etmäge borçludyrys! – onuñ saglygy gowy we ol gije-gündiz
halkyñ aladasy bilen ýaşaýar. Iñ esasy zat-da ol uzak ýaşamakçy.
Onuñ bu mukaddes islegini göz öñünde tutup, biz partiýanyñ gurultaýynda her bir partiýa agzasynyñ oña öz ömründen azyndan bir
ýylyny eçilmegini gazandyk. Bu rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi. Şeýlelikde häzir biziñ alymlarymyz öz ýaşyndan gyrkyp, ony
jenap ýoldaş Prezidente bermegiñ mehanizmini işläp düzmegiñ üstünde gije-gündiz der dökýärler...
Müdir diwardaky düwmä barmagyny degren badyna demir gözenek
ýokaryk gitdi. Partiýanyñ lideriniñ adyny myhmanlar müdiriñ: ”Beren gürrüñiñiz üçin köp sag boluñ, hormatly Monjuk Mukaỳeviç!”
diýende bilip galdylar.
– Hawa... – diýip, müdir ýene-de dowam etdi, – jenap ýoldaş Prezidentiñ biz hakdaky atalyk aladasyny her demimizde duýýarys, biziñem öz söýgümizi oña her demde ýetiresimiz gelýär. Ýurdumyzyñ
metbugat serişdeleri halkyñ bu ösen islegini kanagatlandyrardan ejiz
gelýärler: kagyz, garagurum, dürli nurbatlar, ýaglaýyjy serişdeler
ýetenok; öz ýüregiñi açmak üçin gazetlerde birnäçe aýlap nobata
durmaly. Meniñ bolsa, jenap ýoldaş Prezidente öz söýgümi tiz-tizden
ýetiresim gelýär. Ýogsam, özüñiz bilýäñiz, durmuş-da bir dosta iki
111
duşman tapylýar; meniñ ýerime göz gyzdyrýanlaryñ köpdügini
añýansyñyz; olaryñ, hamana, men ”erbet işleýär” diýip, jenap ýoldaş
Prezidenti ynandyrmaklary ahmaldyr. Häzirki wagtda meniñki ýaly
aýlykly, arassa iş iliñ ýetibilmez derejesi, ätiýaçlylyk artykmaçlyk
etmez. Şonuñ üçin-de, men siziñ hut biziñ Institutymyzyñ işi bilen
tanyşmaga gelendigiñize iki bolup bilemok; ýöne bizi saýlap alanyñyzda, siziñ ýalñyşmandygyñyzy-da aýtmakçy, sebäbi biziñ Institutymyz dörediji adamlar üçin tapylgysyz ýer: üç wagtyna mugt nahar,
gije-gündiz aýdym-saz, gündelik alada. Iñ esasy zat-da – bu hyzmatlar olar üçin hökmany. Biz öz plan-borçnamalarymyzy doly ýerine
ýetirýäris.
– Sizde ýörite plan-borçnama-da barmy?
– Elbetde, gadyrdan, Harsy Hazan Atdaş!
Myhman ilgezik düzetdi:
– Firez Razan Atdaş...
– Hawa, Gerez Razan... Ýöne meniñ öz şahsy gyzyklanmam-da bu
meselede pes rol oýnanok. Men ýöne bir tötänden bu işe bellenen
adam däl, hakyky janköýer, öz kärdeşlerimiñ bu hyzmatlardan köpräk peýdalanmagyny isleýärin. Olaryñ köpüsi bilen öñ kän ýyl bileje işleşdim, duz-emek boldum, onsoñ meniñ olarsyz oñup bilmejegim düşnükli, birki gün görmesem, ýüregim gysyberýär, dünýäden
doýan ýaly bolýan. Ynanmarsyñyz, ýöne men bir gezek tas öz şirin
janyma-da kast edipdim, hawa, hawa! geñ galmañ! Meni bu ýerden
işden aýyrjak bolýarlar diýen ”myş” gulagyma degdi, erbet boldum,
işdäm tutuldy, aýlyk-günlük jähennem, men nädip öz öwrenişen
kollektiwimden aýrylyp ýaşaýyn? Bilýäñizmi näme, men dünýä belli
uly ýazyjy-da bolup biljekdim, ýöne elim degmedi: ýygnaklar, komandirowkalar, myhman-mediwan, ýenegör... Hemmesine-de men
ýetişmeli. Daşary ýurtdan adam gelse-hä – bar onsoñ! Olary kime
ynanjak? Bu ýurtda bil baglar ýaly adam barmy? Aýylganç kyn!
Jenap ýoldaş Prezidentiñ janyna berekella! Netijede meniñ gül ömrüm kül boldy... – müdir edil kiçijik albassy ýaly bolup, şumjardy.
Myhmanlar birhili alasarmyk ýagdaýa düşdüler. Müdir gözýaşyny
eliniñ arkasy bilen süpürip, täzeden söze başlanda, olar onuñ ýaşy
kepän gözünde bulanyk reñkiñ gitdigiçe goýalýandygyny gördüler. –
Her bir ynsan öz ata Watanyna guwanmaga haklydyr. Bu biziñ Kon112
stitusiýamyzda bellenen. Ýöne siz barada ol ýerde anyk zat aýdylmandyr, bu meni birneme oýlandyrýar...
– Eýsem ol ýerde adyñ görkezilmelimi?
– Elbetde, hormatly Firez Zen...!
– Firez Razan – bu gezek, nämüçindir, myhman öñkülerinden-de
çalt düzetmäge gyssandy.
– Hawa... Garaz Ezen, Atdaş. Biziñ Konstitusiýamyz – milli dokument, onuñ maddalary-da örän millileşdirilen. Daşary ýurtly ildeşlerimizden kimler öz ata Watanyna guwanmaga hakly bolsa, onuñ ady
ýörite sanawda görkezilen. Ýöne gaýgy etmäñ, gelipsiñiz – tañ edipsiñiz, indi biz size hyzmat ederis, ýöne bir şert bilen: ata Watany
wasp etmek borjuñyzdyr. Ýogsam, özlerini demokratiýanyñ göbegi
saýýan Günbatar gazetleriniñ işi bize töhmet atmak. Şol sebäpli-de
biz olaryñ wekillerini garaşsyzlygymyzyñ esasyny düzýän edaralarymyza aralaşdyramzok. Siz – başga gep, Ewropada ýaşasañyz-da,
biziñ özümiziñki. Onda näme, tanyşlyga girişeliñ, gadyrly Ýumry
Derili! Gire Zire we Firez Dazan Atdaş! Ýogsa-da, sizi täzelikde
öýlenipsiñiz diýip eşitdik: aýagy düşümlijesi bolsun!
Ýumry Dereli kikirdedi...
– Bu öz orunbasary Gyz Düregeýe öýlendi. Ýagny, Günbatarda
aýdylyşy ýaly, orunbasary ikisi pullaryny goşdular.
– Gutlaýan-gutlaýan! – müdir kelpez näz etdi: – Gör, biz niçiksi
enaýy wakadan habarsyz galypdyrys!
Ýumry Dereli ony köşeşdirdi.
– Gaýgy etmäñ, bu enaýy waka Firez Razan Atdaşyñ ömründe
gaýtalanyp duran zat, siz onuñ indiki durmuş toýuna hökman ýetişersiñiz!
– Kesekiniñ ahlagyna göz etjek bolsañ, özüñkä eliñ degenok-da;
öñde-de bir gelin: ”Iliñ göwnüni görjek bolup, çagajygym atasyna
meñzemedi!” diýipdir. Hany onda, egin-eşigiñizi çalşyryñ! Ine, size
ýörite niýetlenen lybas, institutyñ içinde geýilýär. Müşderilere del
adamlar bilen görüşmek, gürleşmek rugsat edilmeýär; bu çäre olaryñ
hut öz bähbidini goraýar, sebäbi olar ýat adam görseler, tolgunyp
başlaýarlar, şeýdibem gaýra üzülýärler, onsoñ käte olaryñ käbirine
hatda goşmaça terbiýeçilik çärelerini-de bellemeli bolýar. Bu-da
artykmaç çykdajy...
113
– Beýle ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanýarmy? – diýip, Gire Zire
bilesigelijilik etdi. – Dogrusy, biz ýene-de käbir zada düşünmejek
bolýarys...
– Howlukmañ, barýarka hemmesine düşünersiñiz, munuñ üçin siziñ
wagtyñyz ýeter diýip, umyt edýärin. Hawa, biziñ müşderilerimiz käte
täze gelen işgäri ýa-da ýokardan gelen gözegçini del adamdyr öýdüp,
ýok ýerden tolgunyp başlaýarlar, rahatlygyny ýitirýärler.
– Tolgunmak – bu adamzada mahsus duýgy, meselem, Ewropadada adamlar tolgunman oñup bilenoklar. – Ýumry Dereli owadan ala
gözlerini sypaýyçylykly bulduratdy. – Siziñ müşderileriñiz tolgunanda, näme ýakymsyzlyk bolup biler?
Gaşlak müdir jogap bermäge häzirlendi, emma bu ikarada Firez
Razan Atdaş ýoldaşynyñ böwrüne hürsekläp, pyşyrdamaga ýetişdi.
– Söwda-satyk barada soraşmaga-da wagt goý...
Institut-labaratoriniñ pes boýly müdiri pyşyrdynyñ öz gulagyndan
sowa geçmändigini añdyryp, ernini duýlar-duýulmaz gyşartdy, dil
ýaranda, gepiniñ başyny süýkdürdi.
– Hi-iç hi-ili... Olar diñe öz saglyklaryna zyýan ýetirýärler. Erbet
bozulyp, gözlerine ýaş aýlap, del adamlar bilen elleşip, olaryñ tenine,
eşiklerine ellerini degrip görmek isleýärler. Elbetde, beýle ýagdaý
gelenleriñ ýüregini awadyp, ýa bolmasa, biziñ Diller institutymyz
barada ýalñyş düşünje döredip biler. Emma bu bizi gorkuzanok, biziñ aladamyz – müşderileriñ öz saglygy hem ruhy ýagdaýy. – gürrüñ
gidip durka olaryñ edil gapdalynda üç sany oturgyç we agaç stol
getirip, üstüni mahmal bilen örtdüler. Ýöne öñürti stoluñ üstündäki
gan-koklary myhmanlaryñ gözüniñ öñünde süpürip aýyrmaly boldy.
Onda-da goýy gan mahmalyñ käbir ýerlerinden tegmil bolup çykdy,
şonda müdir tutuk degişdi: – Görşüñiz ýaly, praktiki nukdaý nazardan seredeniñde, biziñ işimizde öñki simwolymyz, ýagny gyzyl reñk
has amatlydy; gyzyl mata ulansañ – janyñ ujy, onuñ ýüzünde ganyñ
reñki bildirenok. Ýaşyl reñke geçip, indi biz ýuwun-ýuwuna döndük,
neneñ onsoñ sabyn ýetsin?! Geçiñ, saçak başyna, geçiñ, geçiñ! Institut bilen tanyşlyga başlamazdan öñürti az-owlak garbak-gurbak edinseñiz biçeme bolmaz, ýüregiñiz has sarly bolar, köp zat bilen tanyşmaga ýetişersiñiz.
– Ýok, ýok, köp sag boluñ! – Firez Razan Atdaş ir düşen saçlarynyñ ýerini sypalady. – Biziñ wagtymyz ýok. Institut bilen tanyşdy114
gymyz, syýahatymyzyñ medeni programmasy tamam. Onsoñ söwdasatyga başlamakçy.
– Ol siziñ özüñizi alyp barşyñyza bagly bolar... – diýip, müdir ýakymsyz degişdi. – Siziñ ata-babalaryñyz bir zamanlar bu ýerden
göçüp giden adamlar, siz-de olaryñ nesilleri. Biz jenap ýoldaş Prezidenti bütin dünýäde ýaşaýan ildeşlerimiziñ barynyñ serdary diýip
yglan etdik, bu ýerden gelip çykýan logiki netije – siz biziñ öz raýatlarymyza deñelýärsiñiz we biziñ ýurdumyzyñ kanunlarynyñ güýji
size-de degişlidir. Bu hakykaty ýatdan çykarmasañyz, öz jan saglygyñyz üçin gowy bolar! – gaşlak müdir myhmanlaryñ ýüzüne birneme nakys, ýöne diýseñ talapkär seretdi.
Ýumry Dereli bu degişmeden azda-kände eýmenip, degişme äheñinde her halda özleriniñ başga döwletiñ adamsydygyny ýañzytmak
isledi, emma bu, tersine, müdiriñ sallanyşyp duran gaşlaryny bürüşdirdi.
– Öz ýurdumyzda dünýä ähmiýetli özgerişler bolup geçýärkä, daşary ýurtlaryñ kanunlaryna sygynmak watançylyk däldir! Soñky döwürde adam hukuklary diýip, pelsepe otarmak ýoñ bolupdyr. Ýöne
bu meselede biziñ hiç kime meñzemeýän öz ýolumyz bar we ol ölüm
bilen adam hukuklarynyñ gös-göni baglanyşygyna esaslanýar. Garbak-gurbak edinenimizden soñra men ony size düşündirerin.
Myhmanlar isleseler-islemeseler-de adam başyna bir käse çaý içip,
öñlerinde goýlan iýmitden dadyp görmeli boldular.
– Aslynda ”ölüm ömrüñ dowamydyr” diýen düşünje adamzada
öñden mälim – garsak boýly, garaýagyzdan gaşlak müdir stoluñ
başyndan turup, alagarañky koridordan ýöräp ugransoñlar, dişini
synçgaşdyryp, ownujak iýmit böleklerini ýanyndan barýanlaryñ aýagynyñ aşagyna ”püfläp”, gürrüñe täzeden başlady. – Jenap ýoldaş
Prezidentiñ genisi adamzat üçin bu düşünjäni has baýlaşdyrdy. Biz
öz ýurdumyzda ömri ölümiñ terslin dowamyna, ýagny birinji basgançagyna öwürmegiñ hötdesinden geldik. Gysgaça beýan etsem,
biziñ açyşymyz şundan ybarat: ”Ýaşaýyş – ölümiñ birinji basgançagydyr!” Ýagny, adam alagedin gös-göni ölüp bilmez, ölmek üçin ol
belli bir güýç sarp etmeli, öz-özünden üstün çykmaly, bu elbetde,
ýygy-ýygydan tragediýa aýlanýar, adam köplenç öz erkine ýagty
jahany terk etmek islemeýär, başgaça aýdanyñda, hiç kimiñ ölesi
gelenok. Adam ölüm howpy üstüne abananda, betbagt bolýar, ol
115
bedenindäki bar güýji bilen ýaşaýyşdan ýapyşýar, aýagyny diräp,
bärde galjak bolýar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ adamzada beren beýik
açyşynyñ gözbaşynda ýatan zat – bu hadysa içgin düşünmekden hem
oña degişli jogap tapmakdan gelip çykandyr. Ol hakynda men biraz
soñra size jikme-jik düşündirerin, ýöne kim-de-kim: ”Prosesi tizleşdirmegiñ hasabyna pidanyñ jebrini azaldyp bolar” diýen pikire uýýan
bolsa, onda bu problema biziñ garaýyşymyzdan düýpli tapawutlydyr.
Has beteri-de, ol köne düşünje, ondan garañky Orta asyrlaryñ ysy
gelýär. Biz bu ugurda adamzadyñ geljegini has ýeñilleşdirip, ömür
bilen ölümiñ arasyndaky tragiki geçişi maksimal derejede ýumşadyp
biljek açyşyñ üstünden bardyk we adamzadyñ ýagty geljeginiñ hatyrasyna ony dünýä bilen paýlaşmaga taýyn. Bu ýerde biz bir okda iki
äpet towşany awlaýarys. Birinjiden, öz ýurdumyzda adam hukuklarynyñ goragyndaky öñegidişlik bilen halkara jemgyetçiligini tanyşdyrsak, ikinjiden, ösen ýurtlaryñ bizde goýýan sermaýalarynyñ
peýdaly ulanylyşynyñ hasabatyny berdigimiz bolar.
Indi biz kähalatda jemgyetçilik problemasyna öwrülmäge görin
şahsyet tragediýasyna gaýdyp geleliñ. Adam ölüm pursady ýakyn
gelende, betbagt bolýar, ýagdaýy bolşundan-da beter pajyga öwürmäge ilgezik we ony gereginden artyk dartgynlaşdyrýar. Elbetde,
dürli sapalaga ýüz urýanlar-da ýeterlik, meselem, käbir adamlar añsat
ölmek isleýärler, olar hiç bir esas ýok ýerden alyp-da, merhemetli
jenap ýoldaş Prezidenti tankytlap ýa-da onuñ beýik gumanistik syýasatyna dil ýetirip başlaýarlar, olar şeýtmek bilen bu dünýäniñ azabyndan añsatlyk bilen dynmak isleýärler, emma bu olara her ädimde
başardyp duranok, bizem çöregi agzymyzdan iýýäris. Has beteri-de,
olaryñ birentegi soñra degişli suratda terbiýelenmek, öz çüýrük pikirini üýtgetmek islemeýär. Ol tetelliler mümkin bolan ähli ýollardan
diñe añsat ölümi saýlap almakçy bolýarlar. Emma biziñ ýurdumyzda
beýle baş-başdaklyga ýol ýok, adam islese-islemese-de, jenap ýoldaş
Prezidentiñ içki syýasatynda göz öñünde tutulan maliýe serişdelerine
laýyklykda terbiýeçilik etaplarynyñ hemmesini basgançak-basgançak
geçip, diñe soñra, diñe öz ölmeli wagtynda, ölüp biler. Her ýylda
döwlet býujetinden halkyñ bu hajatlaryna geregiçe sarp edilmegi,
jenap ýoldaş Prezidentiñ halkymyz, biziñ her birimiz hakynda ýadawsyz atalyk aladasydyr. Elbetde, bu aladany äsgermezçilik etjek
bolýanlar tapylýar, ýöne olaryñky başa barmaz, her kes öz güýjüni
116
ölçemelidir. Indi ömrüñ ortaça uzaklygyny alyp göreliñ... Ol hiç
haçan, hiç bir ýurtda deñ bolmandy, biziñ ýurdumyzda-da dürli-dürli.
Hiç bir ylym kimiñ näçe ýaşajakdygyny öñünden aýdyp bilmez, biz
hem, gynansak-da, entek tebigatyñ bu syryny çözüp bilemzok, emma
onda-da käbir umumylyklaryñ bardygy göze görünýär. Meselem,
meniñ öz gelen netijäm – ýüreginde jenap ýoldaş Prezidente belent
söýgi ody tutaşanlar ortaça alanyñda, bu mukaddes söýgüden mahrumlardan has uzak ýaşaýarlar. Bu köneden gelýän ajaýyp bir hakykaty – adamynyñ saglygy üçin söýgüniñ ýigrençden peýdalydygyny
subut edýär. Görşüñiz ýaly, umumyadamzat gymmatlyklary biziñ
ýurdumyzda añrybaş ýörgünlidir, olar her ädimde dabaralanýarlar.
Esasy bellemeli zat: ölüm biziñ ýurdumyzda köneden galan zyýanly
mirasdyr. Ondan bütinleý dynmak mümkin bolmansoñ, biz ölüme
gidýänleriñ soñky günlerini, sagatlaryny başardygymyzça şat etmäge
we bu ikaradaky gerekmejek tragiki dartgynlylygy maksimal gowşatmaga ýykgyn edýäris. Bu ugurda käbir üstünlikleri gazanandygymyz-da şübhesizdir. Biz bu prosesi birnäçe etaplara bölmek arkaly
ölüm bilen ömrüñ arasyndaky garşylygy ep-esli ýumşatdyk. Netijede
indi bizde ölýänler ölümden gorkmaýarlar, olar bilen öñürti uly
taýýarlyk işleri geçirilýär, dirikäler atlary dirileriñ hasabyndan öçürilip, ölüleriñ hataryna goşulýar, bir göräýmäge sadaja bolup görünýän
bujagaz çäräniñ özi garaşylmadyk gowy netijeleri berdi, indi biziñ
müşderilerimiz özleriniñ ölendigine ymykly göz ýetirip, añrybaş
rahat, arkaýynçylykda ýagty jahan bilen azarsyz-bizarsyz hoşlaşmaga mümkinçilik aldylar. Olaryñ ençemesi bolsa, meýletinlik bilen öz
ölümini tizleşdirmegi-de bizden uzur ötünip dileýärler. Emma munuñ
özi biziñ syýasatymyz üçin ahlak meselesi bolup durýar we beýle
haýyşlara jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi aýratyn tertipde garaýar.
Wagtyndan öñ ölmek isleýän bu hormata mynasypmy ýa-da dälmi
bolmaly. Ýagny ol ölümiñ başky etaplaryndan göreldeli geçipmi ýada ýok? Onuñ syýasy geçmişi nähili? eger azatlykda galan ýakyn
hossarlary bar bolsa, olar özüni nähili alyp barýarlar? Bu zatlaryñ
hemmesi meseläniñ çözgüdinde rol oýnaýar. Kada bolup galyşyça,
jenap ýoldaş Prezident beýle haýyşlary örän seýrek kanagatlandyrýar. Eger siz diwara seretseñiz... – müdir görkezme taýajykly
elini tutuk garamtyl ýaşyl reñki soýuk-soýuk alagarañky diwardan
asylgy ýazga uzatdy, – ine, jenap ýoldaş Prezidentiñ bu hakdaky
117
pähimini okap bilersiñiz: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Bu
sözler biziñ kyn, emma watançylykly işimizde gymmatly görkezme
bolup hyzmat edýär. Hut bu pähime gollanmak bilen çekýän zähmetimiz öz netijesini-de berýär, biziñ müşderilerimiziñ köpüsiniñ iñ
soñki deminde hatda öz ýakynlaryny-da göresleri gelenok. Ýogsam,
bizde bu gadagan däl, dogan-garyndaşy bilen duşuşmakçy bolan
müşderilerimize ýörite kosmetologyñ hyzmatyndan peýdalanmak-da
bolýar. Emma olaryñ köpüsi soñky pellä çenli öz ýakyn hossarlarynyñ atlaryny we adreslerini unudýarlar ýa-da olaryñ agzan adresinde
ýaşaýyş jaýy tapylmaýar. Olaryñ ýadynda diñe bir mukaddes at,
beýik serdarymyz jenap ýoldaş Prezidentiñ ady galýar. Ine, şu-da
biziñ işimiziñ iñ ýokary netijesidir!
Adatça, olar soñky pellede öz ”berkidilen hossarlaryny” höwür
tutunýarlar. Bu höwrükme käte hyýaly derejelere baryp ýetýär we
käbir faktlary gözüñe ýaş aýlaman diñlemek mümkin däl. Olar öz
”berkidilen hossarynyñ” elinden tutup, käte olaryñ ellerinden ogşap,
minnetdarlyk duýgusy bilen jan berýärler.
Häzir men sizi şeýle ýürekdeş ”berkidilen hossarlaryñ” biri Köse
bilen tanyşdyraýyn. Ol öz işiniñ ussady hasap edilýär. Bizde hormat
tagtasy ýok, ýöne siz bu ýigidiñ giñ mañlaýyly boldumly gyzyl ýüzüni onuñ hossarlyk edýän müşderileriniñ minnetdar ýüreginden
tapyp bilersiñiz. Ol ýürekleriñ käbiri goñşy jaýda görkezme esbap
hökmünde içi ýörite erginli bankalarda saklanylýar. – Myhmanlaryñ
ýakyn gelenini ýeñsesi bilen duýan orta boýly gyzyl ýüzli ýigit ýakymsyz giñ mañlaýyna inen burçak-burçak derini sylyp, edep bilen
ýerinden turdy we başyny aşak egip salamlaşdy. – Olaryñ ençemesi
bu görýän keşbiñizi öz ýanlary bilen o dünýä müdümilik alyp gitdiler
– diýip, Diller institutynyñ müdiri öz işgäri bilen tanyşdyryp durşuna
onuñ arkasyna ýuwaşjadan ätiýaçly kakdy. Köse öz tejribesine daýanyp, ýüzüniñ ugruna gürrüñe gyzykdy.
– Men öz ýurdumyzda demokratik döwlet gurmaga gatnaşýanym
üçin jenap ýoldaş Prezidente baky minnetdar. Men öz edýän işimiñ
oña gerekdigini her demimde duýýaryn. Demokratiýa meniñ üçin öz
başlygyña gulluk etmek. Onsoñ haýsy jemgyetçilik gurluşynda ýaşap
ýörenligimiziñ tapawudy ýok – meniñ üçin mydama demokratiýa,
meniñ demokratiýama hiç haçan hiç zat howp salanok. Men bagtly
adam, öz bagtymy özüme berkidilen müşderilere geçirmek üçin
118
elimde baryny edýärin. Geçirýärinem. Şonuñ üçinem olar maña
minnetdar. Men olar bilen örän medeniýetli işleşýärin, muny jenap
ýoldaş Prezidentiñ instruksiýasy bizden berk talap edýär, ýöne eger
müşderilerimiñ içinden biziñ öñki Sowet döwletimize at dakýany
tapylsa, onda bu meniñ myrryhymy tutdurýar. Sebäbi ol döwür meniñ iñ öndümli işlän ýyllarym. Onsoñ-da men iş dannamok, diñe
çöregimi halal gazansam bolany! Munuñ üçin men müşderilerden öz
wagtymy aýamok, gerek bolsa, gijesi bilen-de olaryñ ýanyndan aýrylamok, hudaýa şükür, iş näçe diýseñ tapylýar, käte öz etjek gowy
işlerimiñ hemmesine ýetişmezmikäm diýip gorkýaryn, onsoñ gyssanyp başlaýaryn; şol sebäplem işimde käbir harsallygyñ gidýän bolmagy ahmal. Ýöne bu meselede maña geçirimlilik edersiñiz diýip
umyt edýärin. Elbetde, müşderileriñ käbiri meniñ wagtymyñ çäklidiginden hilegärlik bilen peýdalanyp, wagtyndan öñ ”bagtly ölüm”
sektoryna özlerini atmagy başarýarlar. Sebäbi garaşsyzlyk alalymyz
bäri biziñ institutymyzyñ üstüne çakdanaşa agram düşýär, öz başymyzy özümiz çaramaly bolýarys. Ozal bu işler merkezleşdirilendi,
ýagny biz müşderileri merkeze iberip dynýardyk. Ýöne, käbir harsallyklaryñ bardygyna garamazdan, biziñ tejribämiz günsaýyn artyp
barýar. Bir begendirýän zat, ol hem soñky döwürde institutlabaratoriýamyzyñ müşderi taýdan üpjünçiligi göz-görtele artdy, indi
öñki sowet döwletimizi öwýänler-de, döwýänler-de, ýagny köneçiller-de, täzeçiller-de biziñ elimize düşýär. Bu-da biziñ institutymyzyñ
uly geljeginiñ bardygyndan habar berýär. Onsoñ neneñ işe höwesiñ
artmasyn?!
– Siz muny nämedendir öýdýäñiz, nämüçin täzeçiller-de, köneçiller-de size iberilýär? – diýip, göwresine gorky aralaşan Ýumry Dereli
ätiýaçly sorady.
– Bize täzeçilem gerek däl, köneçilem, bize hiç zat gerek däl. Onsoñam men şu aşaky gatda işleýän, ýokarda nämeleriñ bolup ýörendigini bilemok, bilmegem islämok. Maña öz ugrumdan iş tapylsa –
bolany. Institut işleýär, müşderi gelip dur – bu meniñ üçin iñ esasy
zat, galany gyzyklandyranok. Men öñküm ýaly özüme ynanylan işi
edýärin. Haýp, indi öñki ýaly gadyryñy biljek agyr döwlet ýok, ýykyldy, ýöne onda-da bir döwüm çörek tapdyrýar, meniñ başga dawam ýok. Eşidişime görä, ýokarda hatda bir döwüm çöregem tapdy119
ranokmyş, ýöne bu ýerde beýle däl, iýjek-içjegimiz bol. Çagajyklarymyzy-da hor edemzok.
Ýene bir aýtmaly zat, biz indi diñe praktiki iş bilen meşgullanýarys,
teýoriýada biziñ isleglerimizi ellinji, hatda otuzynjy ýyllaryñ derejesi
añry ýany bilen kanagatlandyrýar. Üstesine-de jenap ýoldaş Prezidentiñ taglymaty ýetişip, jaý wagtynda mañlaýymyzdan diredi, ýogsam döwletimize hem halka howa ýaly derwaýys Diller institutymyzyñ teoretiki bazasy gowşajakdy. Ondan añyrsy, gör-bak, onsoñ
näme boljak, anarhiýadyr-demokratiýa ýa-da ýene-de bir şoña meñzeş düşnüksiz zat. Ýöne indi bu howp biziñ üstümize abananok, biz
entekler öz halkymyzyñ hyzmatynda golumyzy çermäp işläris. Material-tehniki bazamyz hem gitdigiçe baýlaşýar. Bu meselede biz öz
geçmiş mirasymyzdan geregiçe susup alýarys, ýagny atababalarymyzyñ ulanan abzalaryny öz işimizde üstünlikli peýdalanýarys. Meselem, bu atagzy mundan bäş ýüz ýyl öñ ýasalan, emma serediñ, asyl könelige ýanaşýan ýeri ýokdur, ýene birnäçe ýüz ýyllap
biziñ halkymyza hyzmat edip biljek. Ýa-da, ynha, bu ýüpe üns beriñ,
”nämeden işdiñiz?” diýäýmeli, entekler mizejek däl, adamyñ teniniñ
içinden edil ýiti pyçak ýaly geçýär, muny ulanañda, sabyn çalmagyñda düýbünden geregi ýok; göräýmäge, bir ýüpjagaz, emma biziñ
döwletimize ullakan tygşytlylyk getirýär. Elbetde, biziñ ýurdumyzda
sabynyñ gytçylygyndan habaryñyz bardyr. Geliñ, bu otagdaky abzallarymyza-da serediñ. Ajaýyp zatlar! Bularyñ kömegi bilen Institutyñ
ýekeje işgäri bir wagtda azyndan on müşderä hyzmat edip bilýär.
Myhmanlar köne stollaryñ üstünde başly-barat üýşürilip goýlan
onlarça gödek demir abzallary gördüler. Olar dürli ululykdaky gysaçlardan, demir aranlardan, çişlerden we boýuntyryklardan ybaratdy. Bu posly abzallarda gan-kokuñ yzy tegmil-tegmil görnüp, iniñi
tikenekledýärdi. Güýz aýydygyna, howanyñ entek aşa maýyldygyna,
jaýyñ içinde bolsa hatda yssydygyna garamazdan, myhmanlar eginlerini gysyp, boýunlaryny içine çekenini duýman galdylar. Diller
institutynyñ göreldeli işgäri bolsa, iniñi üznüksiz digdiredýän mylaýym ses bilen ýene-de dowam etdi:
– Bu tygşytlylyk diñe öz geçmiş mirasymyza dolanmagyñ netijesinde mümkin boldy. Ýoldaş müdir, ýüzlenmäge rugsat ediñ! – diýip
ol sözüniñ soñunda hoşallyk bilen özüne ýylgyryp seredip duran
müdire garşy bir ädim ätdi.
120
– Rugsatdyr!
– Ýoldaş müdir, meniñ ulanýan ak esgilerim ezilip, sandan çykdy,
maña täze bir dañy almaga rugsat ediñ!
– Alybilersiñiz, esasy zat – müşderilere mynasyp hyzmat!
– Minnetdar!
Müdir bilen onuñ göreldeli işgäri ellerini ýok papaklarynyñ etegine
çalt ýetirip aýyrdylar.
Kiçi ylmy işgär Köse gan-koka göýügen letdeleri gujaklap haýdap
gitdi.
– Gelip duruñ, bu taýy gowy ýerdir. Eger siz bize müşderi bolup
gelseñiz, men size ”berkidilen hossar” bolmaga taýýar! – diýip, ol
letdeleri gujagyna alansoñ, hoşlaşyp durkalar myhmanlara elinini
uzadyp, garagolluk bilen gözüni gypdy. Myhmanlaryñ elinde şepbeşik, goýy gyzyl reñkli suwuklygyñ ýokundysy galdy...
– Indi men size öz iş usullarymyzy gürrüñ bereýin. – müdir zeý
ysyndan ýaña dem almasy kyn uzyn koridoryñ ugry bilen olary alyp
gitdi. Koridoryñ iki gapdalyndaky gapylardan aram-aram geñsi sesler çykýardy, şonda müdir ýüzüniñ ugruna gapydan boýnuny uzadyp, ugrukdyryjy maslahatlary berip geçýärdi. – Oglanlar, bir işe
başlamankañyz öñürti usulyny öwreniñ, arassa işläñ, ses çykmasyn.
Başlangyç etap kyndyr, müşderileriñ energiýasy bolmalysyndan
artykdyr, howlukmañ, müşderiñ raýyna garañ, onuñ öz hasabyna
işleýändigiñizi unutmañ! – soñra ol bärisine öwrülip, gysgaça düşündiriş berdi. – Geñ galmañ, bizde käbir hyzmatlar müşderileriñ öz
şahsy maliýe süýşürintgileriniñ we olaryñ ýakyn garyndaşlarynyñ
hasabyna edilýär. Şeýlelikde, olaryñ näçe etap geçjekdigi öz mümkinçiliklerine bagly bolup durýar. Elbetde, bu meselede gozgalmaýan
emlägiñ ähmiýeti uly, sebäbi biziñ ýurdumyzda gozgap bolmajak
emläk ýok. Aýratynam ýurdumyzda ”Açyk gapylar” syýasaty yglan
edileli bäri.
– Biz-de şondan soñ bu ýere geldik-da, ýogsam özümiz zehinli
jurnalist-murnalist, aç ölüp baramzok-da... – Firez Razan Atdaş ýöwsel hüñürdedi. – Biziñki ýöne bir o zat-da...
Ýumry Dereli onuñ dadyna ýetişdi:
– ”Hem zyýarat, hem tijarat!”
– Hawa. Gapylar açyk bolsa, näme diýañyz oña... hammamyza-da
peýda-da. Ýöne bu syýasata her kişiniñ öz düşünişi bar-da...
121
– Kim nähili düşünse, şol hili düşünsin! – müdir onuñ gepini şarpa
ýoldy. – Meniñ üçin onuñ manysy aýdyñ: biziñ ýurdumyzda hiç kese
gapysyny içinden ýapmak bolanok. Ýaşaýyş jaýlarynyñ gapylary
gije-gündiz açyk durmaly!
– Bagyşlañ, ýöne gapyñy ýapmasañ, meselem, gyşyna öýüñ içi
ýalazy meýdana dönmezmi? – Ýumry Dereli ullakan burnuny elledi.
– Ajal almadygy, sowuk almaz! Diñe döwlet adamlarynyñ öýüni
içinden gurmaga haky bar, ýogsam öýüñ aýnasy açylanda garşylykly
şemalyñ döwlet ähmiýetli kagyzlary köçä uçurmagy ahmal. Ýöne
eger ilat öýüni içinden gurup otursa, onda biz nädip jenap ýoldaş
Prezidentiñ dana pähimlerini günübirin durmuşa ornaşdyrmaly? – ol
görkezme taýakly elini ýene-de diwardaky betnyşan ýazga uzatdy. –
Bu ýazgy biziñ durmuşymyzda uniwersal görkezme bolup hyzmat
edýär we mundan çuñ teoretiki gollanmañ bize asla geregi ýok, sada
boldugyça, şonça-da gowy, aklymyz garjaşanok, hemme zat eliñ
aýasyndaky ýaly düşnükli. Halk hemişe gysga hem düşnükli dili
talap edýär. Jenap ýoldaş Prezident muny gowy bilýär, edil gudratly
mumyýanyñ dagyñ daşyndan syzylyp çykyşy dek ol biziñ halkymyzyñ öz ruhundan syzylyp çykan adam, onsoñ halkyñ ugruny ol tapman, kim tapsyn? Ol bütin ýurdy durmuşyñ her bir ugrunda deñ derejede oñaýly ulanyp boljak uniwersal gollanmalar bilen üpjün edýär.
”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Nähili sada hem düşnükli! Bu
gollanma-şygara biziñ ýurdumyzda siz bäbekhanalardan tä garrylar
öýüne deñeç ähli edaralarda, zawod-fabriklerde, ylmy we döredijilik
guramalarda duşup bilersiñiz. Olaryñ her birinde-de bu beýik şygar
täze mana eýe bolup, täzeçe ýañlanýar. Gymmatbaha göwher daşy
ýaly, her gezek täze bir öwüşgün bilen göreniñ gözüni gamaşdyrýar.
– Eger-de siziñ müşderileriñiziñ bu ýere getirilmezinden ozalky
ýygnap-ýygşyran gazançlary gutarsa, onda olar institutdan erkinlige
goýberilýärmi? – diýip, myhmanlaryñ biri öz soragyndan özi çekinip
sorady.
Diller institutynyñ müdiri syrly kinaýa bilen gülümsiredi.
– Biziñ müşderilerimiz Diller institutymyzdaky ýaly içgin aladany
başga hiç ýerden tapmazlar. Niýetlenen serişde gutaransoñ, olara
edilýän hyzmatyñ diñe hiline özgerişler girizilýär we terbiýeçilik
etabyndan intensiw etaba, ýagny ”bagtly ölüm” etabyna geçirilýär.
Döwletimiz ýaş, maliýe serişdeleri tükeniksiz däl, býujetden bize
122
goýberilýän serişdeler-de çäkli, şonuñ üçin-de, käwagt terbiýeçilik
işleri ýañy ýagşy umytlary döredip başlanda müşderini terbiýeçilik
sektoryndan gös-göni intensiw ”bagtly ölüm” sektoryna geçirmeli
bolýan halaty-da seýrek bolmaýar, asla bu adaty ýagdaý diýseñ-de
boljak. Sebäbi men öz müdirlik edýän döwrümde entek biziñ müşderilerimiziñ içinde material taýdan öz başyny çarap, terbiýeçiligiñ ähli
etaplaryny geçip bilenini ýadyma düşürip bilemok. Munuñ iki hili
sebäbi bolup biler: birinjiden, biziñ institutymyzyñ müşderilere
edilýän hyzmatyñ ýokary hilliligi we köpgörnüşliligi, netijede çykdajylydygy; ikinjiden bolsa, müşderileriñ material ýagdaýynyñ ”meñki
bolsun” diýerden pesligi. Ana, onsoñ diñe daşarky döwletlerden
iberilýän gumanitar kömege bil baglamak galýar, onuñ möçberi-de
adam janyny gutarardan ejiz bolansoñ, müşderileriñ ”bagtly ölüm”
etabyna geçmegi gutulgysyzlyga öwrülýär. Ynanyñ, bu ýagdaýa
biziñ özümiz-de gynanýarys, emma etjek alajyñ nä, hemme işde bolşy ýaly, bizde-de adam ömrüni gysgaldýan zat – serişde ýetmezçiligi.
Biziñ müşderilerimiziñ ýagdaýynyñ halkara kömegine gös-göni garaşly bolup durýandygyny siz inkär edip bilmeseñiz gerek.
Müdiriñ çuññur gussa bilen dem almagy myhmanlarda onuñ çyny
bilen hasrat çekýändigine birjik-de şübhe goýmady. Olar müdire
duýgudaşlyk bildirip, dymdylar, ýöne Gire Zire bu dymyşlykdan
gorkup, dil ýardy.
– Ol bendelere hiç ýerden ýardam ýetenokmy, aýratyn-da, siziñ
pikiriñizçe, olaryñ düzelmegine haýsydyr bir umyt dörän ýagdaýynda?
– Bizde hiç hili pikir ýok, bizde diñe instruksiýa bar. – diýip, müdir
myhmanlara sypaýyçylyk bilen berk duýduryp goýdy. – Biziñ müşderilerimiziñ ”bende” diýlip atlandyrylmagyna men Institutyñ müdiri
hökmünde resmi suratda protest bildirýärin we biziñ Diller institutymyzyñ çäklerinden çykýançañyz sözleri seresaply ulanmagyñyzy
dostlarça maslahat berýärin. Onuñ çäkleri bolsa, elbetde, ýurduñ
çäkleri bilen gabat gelýär. – müdir ädiginiñ gonjundan daragyny
çykaryp, gaşlaryny darap durşuna myhmanlara syrly gülümsiredi. –
Hawa, sözümiñ gurak bolmazlygy üçin özümize gelýän myhmanlaryñ belli bir prosentiniñ soñra biziñ müşderilerimiziñ hatarynda bu
ýerde hemişelik galdyrylýandygyny duýdurmalydyryn. Ägä boluñ!
123
– Sizden müñlerçe gezek ötünç soraýarys, geçirimlilik ediñ, sebäbi
biziñ bu ugurdan taýýarlygymyz gowşak. Dogrymyzdan gelsek, biz
beýle instituty ömrümizde birinji gezek görýäris. Afrikada, Latyn
Amerikasynda we Azyýanyñ käbir ýurtlarynda muña meñzeş edaralar barmyş diýip eşidýärdik, ýöne siziñ Institutyñyz bilen deñeşdireniñde, olaryñ barypýatan oglan oýunjagy bolup çykmagy ahmal.
Sizde bu iş senagat derejesine ýetirilipdir. Ýöne siziñ Institutyñyzyñ
adynyñ adamyny azaşdyrmagy ahmal.
Müdir gaşlaryny çytsa-da, birneme hoşniýetli gülümsiredi.
– Adaty formallyk, bu biziñ Institutymyzyñ diñe tehniki ady. Biz öz
maliýe serişdelerimizi döwlet býujetiniñ ”önüm öndüriji kärhanalar”
bölüminden alýarys. Goý, bu siziñ biziñ institutymyza bolan sarpañyzy kemeltmesin, öz diliñize eýelik etmek üçin, gerek bolsa, siz ony
Dilsizler instituty diýibem okap bilersiñiz. Jenap ýoldaş Prezidentiñ
hut öz howandarlygynda bolanymyz üçin bizi hiç bir formallyk gorkuzmaýar. Biziñ adymyz diñe daşarky dünýä üçin reklama. Döwür
şeýle, hatda bizem daşardan gelýän pul-maýa goýumyna we gumanitar kömege mätäç bolmazdan ýaşap bilemzok. Görşüñiz ýaly, biziñ
müşderilerimiz hut şol kömegiñ hasabyna arassa egin-eşik, ýorgan
we ýassyk daşlary bilen üpjün edilýär. Pul kömegini bolsa, biz welaýatlarda öz bölümlerimizi açmaga sarp edýäris. Institutyñ müşderileri gitdigiçe artmak bilen, diýmek, bize edilýän döwlet zakazy
artýar. Biziñ institut-labaratoriýamyz häzir iki smenada işleýär. Eger
ýakyn geljekde ýurduñ welaýatlarynyñ hemmesinde bölümlerimiz
açylmasa, onda biz edil polat eredýän domnalar ýaly üznüksiz iş
rejimine geçmeli bolarys.
– Biz häzire deñeç Institut-labaratoriýanyñ diñe aşaky bölegi bilen
tanyşdyk, onuñ ýokarky gatlarynda iş niçik guralan?
Ýumry Dereliniñ bu soragy müdiri aljyratdy, onuñ hünni gara ýüzünde ýakymsyz agymtyk reñk peýda boldy, gaşlary çytyldy.
– Olar bize degişli däl. Olaryñ asla terbiýeçilik bilen işleri-de ýok.
Ol ýere adam aýagy sekdirilenok, olaryñ iş metodlaryny, ol ýerde
nämeleriñ bolup ýörendigini hatda menem bilemok. – soñra ol agzyny myhmanlaryñ gulagyna degrip diýen ýaly gorkuly pyşyrdady: –
Ol ýere işiñ düşmekden hudaýyñ özi saklasyn. Meniñ özüm-de her
gün işe gelenimde, umumy girelgäniñ içinden tizräk geçenimi kem
göremok... Diñe öz Institutymyza girenimden soñ bu günlükçe özü124
miñ diri galýandygymy bilip, uludan bir demimi alýaryn. Olar hakyky iş bilen meşgul, olar bilen deñäniñde, biziñki ýöne bir güýmenje,
oglan oýunjagy! – ol töweregine gözüni gorkuly gezdirip, ýuwudyndy. – Olar hakynda menden zat soramak – meniñ aýagymyñ aşagyny
köwmek! Dogrusy, men sizden beýle ähdiýalanlyga garaşmandym,
”Oslamadygyñdan ol çykar...” diýleni, gör, siz nähili içigara ekeniñiz! Kebzeden pyçak sokmany hiç zatça görjek däl.
Myhmanlar müdiriñ gyýgyndan öler ýaly gorkdular. Olar boýunlaryndan syrtmak ilip barýan dek daljygyp, özlerini goramaga gyssagly
delil agtardylar. Myhmanlaryñ buýra saçlysy burnuna salyp, günäkär
samrady:
– Rehim ediñ, ýoldaş müdir, biz näbileli bu zatlary? Näbelet bolamsoñyz gyzyklanaýdyk-da, günämizi ötüñ, gaýdyp gaýtalamarys!
– Gaýdyp gaýtalamajagyñyzy men näbileýin, ony barlamak üçin
bilýäñizmi näçe wagt gerek? Bilmeseñiz, bilip goýuñ: käte oña adamyñ ömri-de ýetenok. Ýeten ýerinde tükenýäni-de kän.
Myhmanlaryñ endamyna uşajyk galpyldy aralaşdy. Ýöne onýança
müdir äheñini birneme ýumşadyp, olara hoşamaý ýüzlendi:
– Ýeri bolýar, wagtyndan öñ alada galmagyñ zerurlygy ýok, hemme
zadyñ öz wagty bardyr, ýagny: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!”
– müdiriñ görkezme taýajygynyñ ujy eýýämbaçak diwardaky betnyşan ýazga garşy uzalyp durdy. – Bu gürrüñi häzirlikçe goýduk. Gowusy men sizi öz işimiz bilen tanyşdyrmagy dowam edeýin, şonda
siz biziñ niçiksi adamsöýüjilikli labaratoriýadygymyza ymykly göz
ýetirersiñiz. Biziñ işimizde bize iñ uly ýardamçy – o dünýä iberilýän
adamynyñ iýmitiniñ kem-kemden ylmy nukdaý nazardan kemeldilmegidir. Adamynyñ ýaşaýyş bilen arasy tebigatyñ özündäki ýagdaýa
maksimal ýakynlaşdyrylan usulda azarsyz-agyrysyz üzülýär. Ylmytehniki dilde aýtsañ, onda bu proses doly güýjünde ýanyp duran
lampany mikşerlemek usulynda usul-usuldan öçüren ýaly bir zatdyr.
Müşderide soñky günlere, sagatlara deñeç ne agyry, ne ynjy, ne ünji
galýar. Ol edil ahyryna deñeç ýanan şem kimin öz-özi hiç kime azarsyz öçüp gidýär. Biziñ döwletimiz bu meselede agyr ýüki öz üstüne
aldy we ýurduñ ilatynyñ agramly bölegi bu alada laýyklykda o dünýä
deñli-derejeli edip ýollanylýar. Häzir biziñ raýatlarymyzyñ diñe
ujypsyzja bölegi hyrawa ölmäge mejbur bolýar. Bu esasan sandan
galan garrylardyr, üme düşmez çagalar. Ilatyñ galan böleginiñ ölümi
125
bilen içgin gyzyklanmaga biziñ döwletimizde esas-da, isleg-de,
mümkinçilik-de bar. Mümkinçiliklerimiz, elbetde, tükeniksiz däl,
ýöne bu meselede iki zat bize ýardamçy bolýar: birinjiden, tebigatyñ
öz usullaryny özleşdirmek; ikinjiden, daşary ýurt maýa goýumlaryny
we dostlukly ýurtlaryñ goldawyny ýerlikli peýdalanmak. Bularyñ
sazlaşdyrylyp ulanylmagy ýurdumyzda nusgalyk ümsümligiñ dabaralanmagyna getirdi.
Indi az sanly hyrawa, ýagny özbaşdak ölüm barada... Käbir adamlaryñ ömri öz iñ soñky nokadyna ýetýär-de, soñ tükenýär, käbiriniñki
soñky nokatdan has bärde üzülýär, kä kişi öz eli bilen ömrüni üzýär,
ýagny özüni öldürýär. Belki-de, munda logika bardyr, dogrudanam
bu şeýledir, belki başgaça bolup hem bilmez, olar özleriniñ bu
dünýäde ýaşamaga ahlak hukugynyñ ýokdugyna ilden öñürti düşünýändirler, emma beýtmek bilen olar ýurduñ mizemez kanunlaryny gödek bozýarlar. Aslyetinde biziñ ýurdumyzda adamynyñ özözüni öldürmäge haky ýokdur, çünki munuñ özi kişiniñ bagyna girmekdir, barypýatan ogrulykdyr!
– O nähili? – diýip, myhmanlaryñ biri saklanyp bilmän, geñ galyp
sorady.
– Sebäbi biziñ hemmämiziñ janymyz jenap ýoldaş Prezidente degişli, biz bolsa – kişiniñ harydyny amanat göterijiler. Diýmek, islän
wagtymyz ölüp bilmejegimiz öz-özünden düşnüklidir. Munuñ üçin
birnäçe zerur şertleriñ bir wagtda gabat gelmegi gerek: gizlin gullugyñ seniñ ömrüñe berýän bahasy we jenap ýoldaş Prezidentiñ merhemeti bu ýerde kesgitleýji faktorlardyr. Kişiniñ amanat harydyny
göterijiler bolan biz hiç haçan oña dogry baha kesip bilmeris, eýsem
bu düşnüksizmi? – nämedir bir jogap bermekçi bolup çemelenen
myhmana ”geregi ýok” diýen yşaraty etdi-de, müdir öñküden-de
mylaýym äheñe geçdi: – Birentek adamlar öz ömürlerine gymmat
baha kesýärler. Bu-da gizlin gullugyñ olaryñ ýaşamak hukugyna
beren ball-derejesi hem jenap ýoldaş Prezidentiñ kesen gymmaty
bilen deñ gelmeýär. Beýle ýagdaýda olaryñ ömri Çary-kitabyñky
ýaly soñlanýar.
– Eýsem ol eýýäm soñlandymy? – diýip, Ýumry Dereli kelebiñ
ujuny ýitirip diýen ýaly sorady.
– Elbetde, siziñ gazetleriñiz entek ony ýazan däldirler. Munuñ sebäbi: ol entek jenaýat edip ýetişenok. Ýöne biziñ Diller institutymy126
zyñ degişli bölümi indi edilmeli jenaýatlaryñ-da hasabyny ýöredýär.
Meselem, bizde 2022-nji ýyla deñeç jenaýat etjek adamlaryñ anyk
sanawy bar. ”Düýşler” bölümimizde men sizi olar bilen ýakyndan
tanyşdyraryn. Institut ham-hyýallaryna, düýşlerine gözegçilik etmek
arkaly olaryñ potensial müşderilik derejesini ýüze çykarýar. Elbetde,
ol ömürler-de Watan üçin düýbünden ýitirilmeýär, peýdalanylýar,
olaryñ göreldesinde müñlerçe adam dogry ýoldan gyşarman ýöremegi öwrenýär, aýagyny gyşyk basmaga çemelenip ýörenleriñ müñlerçesi bolsa, öz içlerinde dömýän gorkunç ýaradan saplanýar. Ozallar Çary-kitabyñky ýaly müñlerçe ömürler ýurt üçin hiç bir peýdasyz
ýiter giderdi, olar atsyz-sorsuz ýitirim edilerdi, emma jenap ýoldaş
Prezidentiñ genisi bu meselede-de halkymyza uly açyşy sowgat etdi:
indi her bir adam ters ýola düşeniñ ýa-da düşmegi ýüreginde besläniñ
terbiýeleýji äheñdäki sesini ýerli radiokanallardan hepdäniñ belli
günlerinde diñläp bilýär. Terbiýeleýjilik ähmiýeti has uly bolan ýagdaýynda halka bu möhüm çäreler telewideniýe arkaly görkezilip
durulýar. Ýöne Çary-kitap beýle hormata mynasypdyr öýdemok,
obadaşlary onuñ diñe sesini eşidip oñmaly bolsalar gerek. Töwekgelligi öz başyma çekip, size ýene käbir zatlary görkezip bilerdim, meselem... – ol gapylaryñ birini itdi. Göreñde gözüñi ýadadýan reñkli
soýuk-soýuk diwarly hapa otagyñ ortarasynda arassa düşege çümüp,
üç sany ýatylýan sekiniñ üstünde üç müşderi ýatyr. Olaryñ iki çetkisi
itden hor, ýüzlerinde reñk-pet ýok, gözlerinden ýaşaýyşyñ hezili
öçen, ortaky welin, hiç-neneñ däl, entek teninde ýaşaýyş odunyñ
ýanyp durandygy kemsiz saýgardýar. Ol hatda myhmanlar otaga
giren badyna garagolluk bilen gözüni gypmaga-da ýetişdi. – Ine serediñ, hemme zat edil bolmalysy ýaly: arassa ýorgan-düşek, egineşik. Ýorgan, ýassyk daşlary wagtly-wagtynda täzelenip durulýar.
Eger haýsydyr bir sebäbe görä, bularyñ eşigine gan-kok degse, onda
ol bada-bat çalşyrylýar.
– Bular nämüçin it ýaly hor? Bulara iýmit bereniñiz ýokmy? –
myhmanlaryñ kütimañlaýy müşderileriñ birine golaýlap, gynanç
bilen sorady. – Eger şertnama gol çekişseñiz, men size daşary ýurtdan iýmit ibererin, siz-de onuñ ýerine maña, meselem, buýan köküni
ýa-da pagta.
Müdir mylaýym gülümsiredi.
127
– Gadyrdan, Firez Sazan Atdaş, men size başda-da duýduran ýalydym...
– Ýok, ýalñyş... Firez Razan...
– Hawa, edil özi, Süzer Razan Atdaş... men size başda duýduran
ýalydym... Biziñ Institutymyz ýönekeý däl, muña ýöne ýerden Institut-labaratoriýa diýlenok, çünki biz öz müşderilerimizde dürli terbiýeçilik usullaryny synag edip görýäris. Onsuz biziñ ilaty terbiýelemek meselesinde goñşy döwletlerden yza galmagymyz mümkin.
Soýuz döwletimiz dargady, Ewropa tipli okuw bazamyzy ýitirdik.
Indi biz öz başymyzy çaramaly bolýarys, görşüñiz ýaly, çaraýarysam: geliberiñ! Hawa, ynha, bu otagda siz şeýle gyzykly synaglaryñ
birini görýärsiñiz. Serediñ, bu iki hor müşderi – oppozisiýadaky öñki
syýasatçylar. Olaryñ ortasyndaky – adaty katalizator; ýazgylar kitabyny agtaryp görseñ, bar günäsi ýa birki sany adam öldürendir ýa-da
halkyñ emlägini ogurlandyr. Müşderileri şeýle usulda ýerleşdirmek
bilen biz döwletiñ düýbüne howp salýan adamlara terbiýelenmäge
artykmaç şans berýäris. Bu iki syýasatçy, islese, adaty grajdaninden
görelde alyp, terbiýelenip biler. Bu ýerde biz durmuşyñ öz içki rezerwlerini ulanýarys, ýagny jemgyet üçin howpsuz jenaýatkäriñ göreldesinde howply jenaýatçylary terbiýelemäge synanyşýarys. Iş
metody şundan ybarat: her günde bu ýatanlara garyndaşlaryndan hat
getirilýär. Kellesiniñ gyzgynyna birki sany adam öldüren ýa garakçylyk eden sap ýürekli grajdanine gelýän hatlarda oña uly söýgi bar,
ýakynlary geljek gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar, yzyndan
reñkli suratlaryny iberýärler, oña hossarlaryndan her hili sowgat,
iýmit almak-da bolýar. Onuñ iki gapdalyndaky goñşusyna bolsa,
diñe hat almak bolýar, emma ol hatlarda olar her gün öz ýakyn hossarlarynyñ näletini we dogan-garyndaş, dost-ýarlarynyñ özlerinden
ýüz öwrendiklerini okaýarlar. Hatlaryñ hemmesi-de tüýs ýürekden
ýazlan, emeli däl. Olarda bularyñ yzynda galan ýakyn hossarlarynyñ
düşen ahlak hem material ýagdaýlary dogruçyl gürrüñ berilýär. Başga pikirlileriñ ýa-da oppozision meýilli syýasatçylaryñ yzynda galanlaryñ gününiñ niçikdigini soraman biläýmeli, ol hatlar bulary güngünden eredýär. Meselem, olar öz aýallarynyñ we ýaş gyzlarynyñ
maşgalany eklemek üçin gazanç edişleri bilen yzygiderli tanyşýarlar.
Diñe müşderiniñ wagtyndan öñ ölmek howpy ýüze çykan ýagdaýynda biz hatlardaky bagryñy ezýän setirleri gaýçylaýarys. Munuñ sebä128
bini siz eýýäm bilýärsiñiz, giren gapyñyzyñ ýokarsyna serediñ! – ol
ýerde ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen ganatly sözler asylgydyr... Bizde bulara başga jeza berilmeýär. Ýogsam, bularyñ üçüside deñ iýip-içýär diýäýmeli, emma serediñ tapawutlaryna! – müdir
elindäki görkezme taýajygy bilen müşderileriñ ýatyş geýmini galdyryp, injiklerini gezegine açyp görkezdi. Ine, bu oppozisioneriñ agramy bize gelende, hany ýazgy kitapçasyny göreýin, 78 kilody, düýnki
ölçegde ol eýýäm 42-ä düşüpdir. Üns beriñ, bu bary-ýogy iki hepdede gazanylan netije! Ýekeje taýak çalmazdan! Biz bu ýerde milli
psihologiýany rasional ulanmagyñ ugruny tapdyk. Hut biziñ ýerli
labaratoriýamyzyñ açyşy!
– Diýseñiz-de, bularyñ gözlerine nämedir bir zat sepilene meñzeýär? – Ýumry Dereli syýasy müşderileriñ biriniñ alkymyna bardy.
– Bularyñ gözleriniñ üstki gatlagyndaky küljümek reñk näme?
Müdir başyny ýaýkady.
– Ýok, siziñ çakyñyz düýbünden nädogry. Siziñ ol synlaýanyñyz
gubar. Adam ýaşaýyşdan beden hem ahlak taýdan des-deñ umydyny
üzende, gözüne gubar inýär. Onuñ üçin artykmaç çykdajy etmegiñ
geregi ýok. Bu diñe terbiýeçilik işiniñ dogry alnyp barylýandygynyñ
alamaty.
– Eýsem, bu adaty kriminal müşderiñiziñ ykbaly niçik bolar? Onuñ
Diller institutyndan yzyna çykmak şansy barmy?
– Olara ”müşderi” diýilmeýär, katalizator diýilýär. Institutyñ içki
düzgünlerine görä, olaryñ ýagdaýy adaty durmuş derejesinde saklanylýar. Olar diñe biziñ eksperimentlerimizde ”prosesi tizleşdirijiler”
hökmünde ulanylýarlar. Bu-da olaryñ degişli jezasyny çekdigi hasap
edilýär. Olaryñ bu ýerden çykmak şansy girmesinden has uly. Çykansoñlar, olardan adam öldürenleri içki syýasatda, aýratyn uly
möçberdäki kriminal zehinler – daşarky gatnaşyklarda ulanylýar.
Köplenç ykdysady ugurda, ýöne bu hökmany düzgün däl. Biziñ bu
”tizleşdirijilerimize” soñra siz daşary ýurtlar bilen islendik gatnaşyklarda jogapkär wezipelerde-de duşup bilersiñiz. Ýurdumyzyñ intellektual baýlygyna guwanmak hemmämiziñ borjumyz.
Koridora çykansoñlar, myhmanlar biri biriniñ ýüzüne ýürekgysdyryjy gorky bilen seredip, başlaryny aşak saldylar.
– Bu näme? – Ýumry Dereli ýüzüne ”Düýşler” diýlip ýazlan gapa
barmagyny çommaltdy.
129
Müdir ýüzüni çytdy.
– Bu ýerde hiç hili gyzykly zat ýok, güman edilenleriñ düýşleri
barlanýar. Jaýyñ içi dürli gymmatly elektron abzallardan doly, ol
ýerde hiç bir gyzykly tomaşa görüp bilmersiñiz. Ýöne biziñ Institutymyzda bu-da möhüm bölümleriñ biri. Biz bu jaýda jenap ýoldaş
Prezidentiñ syýasatyna ýakyn wagtda garşy çykjak adamlary öñünden belli edýäris. Bu jaýdaky müşderiler birnäçe aýlap ýa-da ýyllap
kellelerine elektron abzallar berkidilen görnüşde ýaşaýarlar. Olaryñ
düýşleri we dürli ýagdaýda kelle beýnilerinde peýda bolýan hyýallary gözegçilik astynda saklanylýar. Bilýäñizmi näme, bu jaýda iñ
täsin açyşlar ýüze çykýan halaty-da bolýar. Meselem, adamynyñ özi
beýnisinde ýurduñ syýasatyna garşylyk döreýändigini bilenok, ol
edil düwünme keseline duçar bolan betbagt ýaly arkaýyn gezip ýör.
Ol özüniñ bir günden bir gün bu aýylganç keseliñ pidasy boljakdygyny asla añanok. Emma biz öz ýerimizde! Biz hemişe betbagtçylygy has öñünden görýäris we onuñ öñüni almaga girişýäris! Biçäreleriñ köpüsi soñra özlerinde jenap ýoldaş Prezidentiñ garşysyna beýle
ýigrenjiñ dörändiginden habarsyz galandyklaryny ak ýürekden
boýun alýarlar we özlerini onuñ çäksiz geçirimliliginiñ öñünde bimöçber günäkär saýýarlar.
– Biz bu otaga sähel-mähel göz aýlasak bolmazmy? – Firez Razan
Atdaş ýagly mañlaýyny ýaldyradyp, dodaklaryny ýalady. – Ýöne
keýpine, belki, bu ýerde biznes üçin peýdaly zatlar bardyr?
– Ýok, bolmaz... – müdir birneme tutuk seslendi, onuñ bulanyk
gözlerinde çyg göründi, gözi çylgym-çylgym gyzardy. – Meniñ bu
otaga giresim gelenok. Girsem, soñra birnäçe günläp özümi alyp
bilemok. Bu ýerde meniñ aýalym bilen iñ uluja gyzym ýatyr. Menem
adam ahyryn!.. Gyzjagazymyñ gözleri soñra uzyn günläp gözümiñ
öñünden gidenok. Ol meniñ ýüregimden önen perzendim dälmi nä?
Meniñ oña ýüregim awamaýandyr öýdýäñizmy? Ýok, jenaplar,
awaýar, meniñ ýüregimiñ başy hemişe çawlanyp dur, emma gulluk –
gulluk bolýar. Döwletimiziñ sarsmaz binýady biziñ Institutlabaratoriýamyz. Muny jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi guwanç
bilen nygtaýar. Onsoñ, heý, nädip beýle beýik ynamy ýere çalyp
bolar?! Men bir günden bir gün hut öz aýalymda hem gyzymda aýylganç keseliñ simptomlaryny gördüm. Men bu ugurdan spesialist
halyma öz öýümde döräp biljek bela-beteri görmesem niçik bolar?
130
Dogry, ol entek bäri-bärde dömjek kesel däldi, ýöne onda-da herki
belanyñ öñünden gaçan ýagşy. Eger men öz öýümde ruhy sagdynlygy saklap bilmesem, halkymyza, döwletimize nepim degermi? Beýle
bolsa, meniñ jenap ýoldaş Prezidentiñ öñünde eden mukaddes kasamymyñ niçesi bir pul? Ýok, meniñ beýle ikiýüzlülige, anthorluga
ynsabym çatmaz. Gowusy, goý, köýen men bolaýyn, ýöne öz mukaddes borjumy ahyryna deñeç ýerine ýetirerin. Hiç kim, hiç bir
duýgy meni ejizledip ýa-da bu mukaddes ýoldan sowup bilmez. – ol
dyñzap gelen gözýaşyny eliniñ arkasy bilen syldy-da, myhmanlaryñ
goltugyndan tutdy. – Geliñ, gowusy men size häzir ýene-de bir synag
usulymyzy görkezeýin, şonda siz biziñ Institutymyzda niçiksi ýiti
zehinleriñ işleýändigine telpek goýarsyñyz. Bu otagda hergiz meniñ
keýpim göterilýär, sebäbi bu ýerde meniñ öñki kärdeşlerim bar –
müdir olary garşydaky gapa çagyrdy. – Baş üstüne, geliñ!
Myhmanlar ”Üznüksiz halk döredijilik öýi” diýen gapynyñ agzyna
bardylar. Bu otagda kiçijek bölümlerden ybarat gözeneklerde onlarça
adam döredijilik işi bilen meşguldylar, aýna öýjagazlaryñ töründen
hat ýazýan maşynkalaryñ şat-şaty, gamyş-galamlaryñ şytyrdysy eşidilýärdi. Myhmanlar bu otaga girenlerinde ýeñillik bilen demlerini
alanyny duýman galdylar.
– Institutyñyzda beýle otag-da bar oguşýa! – diýip, Ýumry Dereli
begenjini daşyna çykardy.
– Elbetde! Bizde adamynyñ terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler ulanylýar. Serediñ, bular döredijilik işgärleri: ýazyjylar, hudojnikler, jurnalistler, kompozitorlar. Olaryñ hemmesi bu halk döredijilik
öýünde erkana işleýärler. Bu ýerde döredijilik işgärleri Halkara hukuk normalaryna laýyklykda söz azatlygyndan peýdalanýarlar. Bularyñ islän temasyndan ýazmaga, döretmäge doly hukugy bar. Bizde
senzura gadagan. Üstesine-de bulara üç wagtyna mugt iýmit hem gök
çaý berilýär.
– Siz gök çaýy haýsy ýurtdan hem näden satyn alýarsyñyz?
Myhmanyñ bu erjelligine kaýyl galan müdir başyny ýaýkanyny
duýman galdy.
– Hormatly, Azan...
– Firez Razan...
131
– Hawa, elbetde, Merez Razan... Biziñ müşderilerimiziñ atymçaý
dannawy ýok, şonuñ üçinem biz olara tal ýapragyny külkeläp, çaý
demläp berýäris. Bular üçin iñ esasy zat – erkin döredijilik!
Myhmanlar ýeñillik bilen dem aldylar. Olaryñ gözleriniñ öñünde
ýazyjylar, hudojnikler, jurnalistler, sazandalar garabaşlaryna gaý
bolup, ölmez-ýitmez eserlerini döredişip otyrdylar, hiç kim olara
päsgel berenok. Aýnanyñ añrysynda olaryñ burçak-burçak derläp
işläp oturyşlaryny görmäge göz gerekdi. Aýratyn-da ýaşlaryñ hyjuw
bilen işleýändigi begendirýärdi.
– Görýäñmi – diýip, Ýumry Dereli Gire Zirä içki guwanjyny mälim
etdi, – ata Watanymyzda hemme zat beýle bir umytsyz erbedem däl.
Günbataryñ gazetlerinde biziñ hakykaty ýazmagymyz gerek. Bu
özboluşly ýurda yzygiderli gara sürtülmegine men indi halys çydamok. Biziñ halkymyzyñ şöhratly geçmişi hem şöhratly geljegi bar.
– Onuñ bu güni-de oñuşmazça däl. – Firez Razan Atdaş ýene-de
dodaklaryny ýalady. – Hemme zat ata Watanyñ özüne bagly: bizi
gowy garşy alsa, biz ony hor etmeris. Azatlygyñ girdejisi az, söwda
– başga gep...
– Elbetde – Gire Zire onuñkyny özüçe alyp göterdi, – eýsem, Günbataryñ dörediji adamlary kapasada dälmi? Kapasada! ”Azat jemgyet” diýilýän gözenekde! Ýöne muny olaryñ özi duýanoklar, duýmagam islänoklar. Bu meselede biziñ öz sözümizi aýtmagymyz gerek.
Gel, bularyñ birnäçesi bilen tanyşlyk açaly, olaryñ sözlerini halkara
jemgyetçiligine ýetireli! – ol aýna kapasalaryñ birine ýakyn baryp,
elini galdyryp, içindäki ýazyja ”salam!” diýen dostlukly yşaraty etdi,
ýylgyryp, aýnanyñ añrysyndaky orta ýaşly mylaýym ýüzli ýazyjynyñ
özüne üns bermegine garaşdy. Uzak garaşdy. Erni ýadap, ýylgyrmasynyñ arasyny üzüp, eñegini eli bilen gysyşdyrdy, agzyny birki gezek açyp-ýumdy-da, ýañadandan ýene-de öñki hereketini gaýtalady.
Emma ýazyjy oña jogap bermedi. Şonda ol müdire soragly seretdi.
– Dörediji adamlar işleýän wagty ker hem kör bolýarlar diýip
eşidýädik welin, ýöne beýle derejededir öýdemzokdyk...
Ak giren gür gara gaşlarynyñ arasyndan düşnüksiz bulanyk göreçlerini myhmana dikip, müdir keýpli ýylgyrdy.
– Azap çekmäñ, jenaplar, olar sizi görenogam, eşidenogam. Olar
biri birini-de ne görýär, ne-de eşidýär. Olar diñe döredýärler. Aýna
kapasalar birýan ýüzli: diñe içindäkini görkezýär. Bu oturan adamlar
132
üçin siz-de, men-de, daşky dünýäde ýok. Olar diñe içki ylhamlarynyñ hasabyna döredijiligini dowam etdirýärler. Kimsiniñ içki ylhamy
birnäçe ýyla, kimsiniñki birnäçe aýa, kimsiniñki bolsa, birnäçe hepdä
ýa-da güne ýetýär. Soñra oýlanyşykly terbiýeçilik işleri öz netijesini
berip başlaýar.
– Olaryñ gulaklaryndaky näme?
– Diñlenýän abzal. Ondan gije-gündiz jenap ýoldaş Prezident hem
onuñ ölmez-ýitmez işleri barada üznüksiz gepleşikler hem bu temadan aýdym-saz eşitdirilýär. Bir tapawudy – adaty eşitdirgiçleri adam
islän wagty öz gulagyndan aýryp bilýär, emma ”Halk döredijilik”
öýünde beýle däl, biziñ müşderilerimiz öz gulaklaryndan eşitdirgiç
abzaly hiç haçan aýryp bilmeýärler, haklary ýok; olar oýalykda-da,
ukuda-da bellenen temanyñ çägindäki programmany diñlemäge
borçly. Aslynda munuñ üçin bize ýörite programma düzmegiñ geregi
ýok, ýurdumyzyñ radiokanallarynyñ haýsyny tutanyñda-da, biziñ
hajatlarymyzy berjaý edip bilýär. Birinjiden-ä, bu biziñ ”Halk döredijilik” öýümizdäki şertleriñ ýurdumyzdaky adaty ýaşaýyş şertlerine
añrybaş ýakyndygyny subut edýär. Ikinjiden bolsa, bu biziñ Institutlabaratoriýamyza arzan düşýär, netijesi-de aýdyp-diýerden ýokary.
Bularyñ agramly bölegi tiz wagtdan öz egoistik zehinlerine tekepbirlik bilen gulluk etmegi bes edip, halka peýdaly önüm berip başlaýarlar. Umuman döredijilik öýündäki müşderilerimiz öz ösüşinde ”Egoistik sungat” we ”Halk sungaty” diýip atlandyrylýan iki sany döredijilik basgançagyny geçýärler. Ilki, ýañky aýdyşym ýaly, olar diñe öz
islän zatlaryny çyrşamak bilen meşgullanýarlar, ýagny, hamana,
”sungata gulluk edýärler”. Soñra oýlanyşykly terbiýeçilik işleriniñ
netijesinde olaryñ hemmesi-de jenap ýoldaş Prezidentiñ merhemeti
hakynda hüwdüleri, läleleri, monjugatdylary ýa-da şoña meñzeş goşgy-gazaljyklary, erteki-rowaýatlary, halk sazlaryny, nagyşlaryny
döretmäge başlaýarlar. Baş gahrymany jenap ýoldaş Prezident bolan
halk döredijiliginiñ bu ölmez-ýitmez nusgalary (elbetde, biz öz müşderilerimiziñ zehinine güwä geçýäris!) soñra ýurduñ hajatlary üçin
peýdalanylýar. Çünki bu adamlaryñ özleri eýýäm şahsyet hökmünde
ýok, geçmişde-de bolmandylar, geljekde-de boljak däller. Siz maña
ynanyp bilersiñiz.
Döredijilik öýüniñ müşderileriniñ peýdaly önüm beriş etabynyñ
uzaklygy-da dürli-dürli. Ýöne bu azyndan birnäçe ýyla çekýär. Soñra
133
olaryñ ylhamy gurruk guýynyñ suwuna dönüp, ajy önüm bermäge
durýar. Bu, elbetde, döredijiniñ üçünji, ýagny iñ soñky basgançaga
ýetendigini añladýar. Soñra onuñ ýoly ”bagtly ölüm” sektorynda
umumy esasda dowam edýär. Bu ahwalat size balarylaryñ ömrüni
ýatlatsa, geñ däldir. Käbir umumylyklar ýok däl, ýöne tapawudam
uly.
– Bularyñ öz erkine ýazan kitaplary, çekýän suratlary, düzýän
aýdym-sazlary nirede saklanylýar? Ana, bu gözenekde men taýyn
kitaby, gazet sahypalaryny görýärin, nähilidir bir sungat eserleri-de
görünýär. Bu eserler bilen nirede tanşyp ýa-da satyn alyp bolýar?
Müdir aşak eglip, ädigine gysdyrylgy başdaragyny aldy-da, gözüniñ
üstüne ymykly abanan gaşlaryny yhlas bilen gañtaryp darady. Diñe
şonda myhmanlar müdiriñ ähli jübüleriniñ agzynyñ ykjam tikilgidigini görüp galdylar. Müdir myhmanlaryñ soragly gözlerine gös-göni
seredip, göwnühoş ýylgyrdy.
– Gördüñizmi? Bu meniñ hut öz açyşym! Bu usuly men ýazyjy
bolup işleýärkäm oýlap tapdym. Bir gezek meni Amerika kultur
ugrundan wekil edip iberdiler. Ýöne ol ýerdäki synpy duşmanlar ýat
mazmunly kitap-beýleki gysdyrjak bolanda, meniñ jübülerimiñ tikilgidigini görüp, içlerini tutandyrlar.
– Gysdyrjak boldularmy özi?
– Ýogsam näme?! Nämüçin gysdyrmasynlar?! Ýöne men olaryñ
tutan guşuny bir wagt ütüp goýan adam! Men ozal dürli ideologik
diwersiýalardan goranmagyñ mekdebini geçen. Şonuñ üçinem, görşüñiz ýaly, hiç hili syýasy özgerişler meniñ üçin howply däl. Onuñ
aýdyñ subutnamasy – siziñ gözüñiziñ alnynda: serediñ, meniñ tejribesiz kärdeşlerim aýna kabinetleriñ añry ýüzünde, men, ýagny siziñ
sadyk guluñyz bolsa... – ol edil maýmynyñky ýaly gysgajyk gowky
aýaklaryny şarpyldadyp jüpledi-de, kelpez degişdi: – öñkim ýaly
bärisinde, ýagny siziñ hyzmatyñyzda, jenaplar!
Müdiriñ iniñi ýakymsyz digdiredýän kelpez keýpinden eýmenen
myhmanlaryñ ýagly mañlaýlysy özüne zor salyp, degişen boldy.
– Häzir biz Amerikada däl, hiç hili howp görnen ýok ahyryn?
Müdir gür gaşlarynyñ aşagyndan oña düşnüksiz ýigrenç bilen seretdi.
– Ýok ýerinde howpy görmäni başarmak – meniñ çöregim. Men bu
ugurdan ýöriteleşen. Bar ýerinde görmegi haýsy lellim başarmaz?!
134
Onda meniñ näme geregim bar? Bu birinjiden. Ikinjiden, daşary ýurtlularyñ bolan ýerinde meniñ üçin Amerika başlanýar! Men siziñ
bilen birinji gezek duşuşýaryn, uzak ýerden näme niýet bilen gelendigiñizi arwah bilsin. Iñ esasy zat-da: siz maña Diller institutyna
girmäge görkezme getirdiñiz, çykmaga däl. Onsoñ gyssanyp ýörmek
nämä gerek?..
Üç myhmanyñ alty aýagyndan ysgyn deñ gitdi. Olaryñ buýra saçlysy bokurdagyny arçamaga synanyşdy, emma bu oña başartmady,
gyryljyk sesi naýynjar çykdy.
– Biziñ höwesimiz – öz ata Watanymyza gulluk etmek.
– Elbetde... gowy höwesiñiz bar, ýogsam bu taýda watandaş ýeterlik, hatda artygam. Siz öz ýurduñyzda-da biziñ derdimize ýarap bilerdiñiz, meselem, Gazan Atdaş ýaly... Ýöne aýby ýok, ýurt söküp
bu ýere gelipsiñiz, indi zady gaýgy etmäñ, hemmesi gül ýaly bolar;
ata Watanyñ gülläp ösmegine goşant goşup bilmegiñiz üçin biz size
ähli şertleri dörederis! Bu biziñ jana-jan borjumyz!
– Biz siziñ çyn dostlaryñyz! – diýip, Firez Razan Atdaş müdire
ýaramsaklyk etdi. – Dünýäde birine ynanjak bolsañyz, maña ynanyñ!
Ýap-ýañyja yhlas bilen daralan gaşlary ýañadandan hüwjerip, gözleriniñ üstüne abanan müdir onuñ ýüzüne açykdan-açyk ynamsyz
seretdi, señrigini ýygyrdy.
– Hormatly, Arzan Atdaş...
– Firez Razan Atdaş!
– Görsene, muny, öz diliñizden efirden gündelik eşidip ýörsek-de,
bütin Diller instituty bolubam siziñ asyl adyñyza-da düşünip bilmändiris! Biz sizi Arzan ýa-da Azan Atdaşdyr ýa-da şoña meñzeş birzatdyr öýdüp ýörüpdiris. Ýeri bolýar, biz nadanlar bilen deñ bolman,
geçirimlilik edersiñiz diýip, umyt edýärin! Ýöne bir zady kesgitli
aýdyp bilerin: meniñ bu dünýäde ynanýan adamym ýok, boýun
egýänim bar. Duşmanlarymy edişim dek ýakyn dostlarymy-da elmydama göz astynda saklaýaryn. Onsoñ siz meni isleseñiz, dost saýyñ,
isleseñiz-de – duşman. Netijesi birdir. Olaryñ ikisine-de meniñ Institutymda ýer tapylar. Siziñ biriñize dil, ýene biriñize pul gerek; ýöne
erkin dil bilen erkin pul biziñ döwletimiziñ köküne palta urjak zatlar,
şonuñ üçin-de siz wagtlaýynça Diller institutynda galmaly bolarsyñyz, jenaplar! Onsoñam siz biziñ döwletimiziñ mukaddes syrlary
bilen ýakyndan tanyş bolduñyz we şonuñ üçin-de indi siziñ olardan
135
daşlaşmagyñyz biziñ üçin ynjalykly däl; döredijilik işine galanda
bolsa, hiç zady gaýgy etmäñ, bu ýerde siz üçin ähli zerur şertler döredilen. Biz size ylaýyk boljak kabinetleriñ ýanyna ýetdik, merhemet
ediñ, jenaplar, ine: ”Halk döredijilik” öýüniñ töri! Sizi öz ömrüñiziñ
jogapkärli döwrüne aýak basmagyñyz bilen jenap ýoldaş Prezidentiñ
mahmal rewolýusiýasynyñ, bagyşlañ, ýagny müdümilik ewolýusiýasynyñ adyndan tüýs ýürekden gutlamaga rugsat ediñ! – müdir hamana dabaraly ýygnakda müñlerçe adamly mähelläniñ öñünde çykyş
edýän dek öz-özüne çynlakaý el çarpdy. – Egsilmez watançylygyñyz
we jenap ýoldaş Prezidente wepañyz üçin öñünden minnetdarlyk
bildirmäge rugsat ediñ! – ol ýene-de çapak çaldy. – Size iñ täze aýna
kabinetleri bagş etmek bilen özüñiz baradaky aladadan birjik-de nägile bolmarsyñyz diýip, umyt edýärin. Ynanyñ, beýle hormat her
kese ýetdirip duran däldir. Bu modern kabinetleri hut para berip almaga synanyşjaklar-da kändir, ýöne men parahor däl. Ýekimde ýigrenenim parahorlar. Olar biziñ döwletimiziñ düýbüne palta urýarlar.
Meniñ üçin iñ esasy zat – müşderileriñ rahatlygy, olara edilýän hyzmatyñ hili!
Müdir ýene-de maýmyn kelpezligi bilen aýagyny şarpyldadyp jüpledi-de, Ýumry Dereli bilen Gire Ziräni kapasa salyp, agzyny gulplady we bu günki işini gutardym etdi.
– Arman, siz bize öz iş ýeriñizde gerek, ýogsam bu ýerde boş gözenek ýokdur öýtmäñ... – diýip, soñra ol Firez Razan Atdaşyñ goltugyndan tutup, yzyna aýlandy. – Biz kadrlara baha goýmagy başarýandyrys. Söwdañyz oñ bolsun! – soñra ol nämedir bir zat zat
ýadyna düşüp, täze müşderileriñ ýanyna dolanyp geldi we olaryñ
gulagyna geýdiren eşitdirgijiniñ gulpuny açyp, zerur düşündirişi
berdi. – Huşum gur-a! Men siziñ bir möhüm soragyñyza jogap bermän gidibersem nätjek. Bu ýerde ýazlan eserler, kitaplar döwletiñ
gizlin baýlygy hasap edilýär we olar ýekeje nusgada çap edilýär.
Gazet-jurnallar-da. Onsoñ, ynha, olar bu tokurtgadaky deşige atylýar.
Serediñ, ine, görýäñizmi: ”post” diýlip ýazylgydyr! Bu agyzdan atan
taýyn eserleriñiz turba bilen ”daşaryk” gidýär.
Ýumry Dereli halys lagşan göwresini endiredip sorady.
– Olar daşarky dünýä baryp ýetermi?
Myhmanyñ kaýyllyk gözýaşy syrygan dulugyny eliniñ tersine dözümli sylan müdir tas şadyýan äheñde gürledi.
136
– Tolgunmaga sebäp ýok. Goñşy otagdaky gaýtadan işleýän bölümde eýlenip, ol kagyzlar ýene-de, ine, bu deşikden öz gündelik
hajatlaryñyz üçin yzyna geler. Şondan soñ siz olary aýak ýoluna
gideniñizde, el-ýüz ýuwañyzda, nahardan soñ agyz-burnuñyzy süpüreniñizde, arkaýyn peýdalanyp bilersiñiz. Gündelik durmuş hajatlaryñyza näçe kagyz gerek bolsa, edil şonça sahypa eser ýazmak maslahat berilýär. Ätiýaçlyk üçin artykmaç sahypa ýazmagyñ geregi
ýok. Bu ýerde haýsydyr bir tötänlige garaşmagyñ özi – ýeñilkellelik.
Bu taýy duýdansyzlyk bolup geçjek ýer däl. Hemme zat ýokary derejede ylmy esasda alnyp barylýar. Ýöne müşderileriñ käbir individual
zerurlyklary göz öñünde tutulýar. Meselem, siziñ (ol myhmanlaryñ
buýra saçlysyna barmagyny çommaltdy) burnuñyz iliñkiden uly görünýär, şonuñ üçin-de her günde bir tagta kagyzlyk eseri artykmaç
ýazyp bilersiñiz. Ol size burnuñyzyñ suwuny süpürmäge gerek bolar.
Näme sebäpden bu bölüme ”Üznüksiz döredijilik otagy” diýilýändigine indi düşünen bolsañyz gerek? Siziñ işiñiz indiden eýläk – halk
döredijiligi we onda jenap ýoldaş Prezidentiñ mähriban obrazynyñ
bütin dünýä ýagty saçmagyna edip biljek goşandyñyz; ömrüñize
bereket! Onda näme, men siziñ gyzyldan gymmatly wagtyñyzy alyp
durmaýyn, ýogsam, geljekki nesiller maña nälet okarlar. Kimiñ gargyşa galasy gelýändir öýdýäñiz? Galamyñyz ýiti bolsun, hormatly
kärdeşler! Ýöne, gönümden gelsem, siziñ dil bilşiñizden meniñ göwnüm suw içmedi, bilip goýuñ, jenap ýoldaş Prezident biziñ halkymyzy akyl-parasat, pähim bilen doly üpjün edýär, biz kesekiniñ akylyna-da, nakylyna-da mätäç däl! Siz bolsañyz: ”Hem daýymlara
gidýän, hem taýyma baş öwredýän” diýmegiñ deregine haýsydyr
başga bir halkyñ pähimini ulanyp, meniñ ýüregimi buladyñyz!
Şol wagt kellesini müdiriñ goltugynyñ aşagyndan sokmaga ýetişen
Firez Razan Atdaş öz ýoldaşlaryna göwünlik berdi.
– Siz hiç zady gaýgy etmäñ, men basym jenap ýoldaş Prezident
bilen duşuşmaly.
– Sen oña biziñ günäsizdigimizi aýtgyn!
Gözenegiñ añrysynda galanlar özelendiler.
Firez Razan Atdaş señrigini ýygyrdy.
– Siz nähili akmak adamlar-da! Biriniñ günäsizdigini aýtsañ, özüñ
günäkärsiñ! Men inçeden işlejek: ilki söwda edip, baýajak. Watan
137
bazar ykdysatyetine geçdi: indi hemme zat satylýar hem satyn
alynýar. Diýmek, baýamsoñ, sizi satyn almak – itiñ añsady!
Gözleriniñ üstüne abanmaga ýetişen uzyn gaşlaryny aýratyn
yhlas bilen daran müdir, Firez Razan Atdaşyñ goltugyndan
elini ykjam geçirdi-de, ony ýanyna alyp, öz işini bitiren adamynyñ keýpinde çalaja hiñlenip, kapasalaryñ ýanyndan daşlaşdy gitdi.
138
7. ”Çorbañ gursun, çöregimi zaýalady!”
Tebigy gylygynda ne söwdagärlik, ne-de hiñlenmek düşnügi bolan
Musa Çöli bu wagt kabinetinde böwrüne diñ salyp otyrdy: ”Adamlaryñ arasynda özüñi nähili alyp barmaly? Bir zat belli: iş eden ýalñyşar; diýmek, diñe diýlenini etmeli!” Ýöne töwekgelçilige ýüz urmasañ, nirä gitjek? Meselem, ol ilden on gün öñ ekişe girişmeli, öñküden iki esse-de gowaça ekmeli. Bu onuñ düýp maksadyna ters gelýär,
ýöne ahyrky netijä bil baglap, öz garşysyna gitmese, häzirlikçe onuñ
alajy nä? Bu onuñ üçin ýönekeýje synag, birinji basgançak. Şondan
geçmese, onuñ adamlaryñ arasynda işi ýok. Hut şu ýerden-de onuñ
gutulgysyz ikilenmegi başlandy: niýeti bir zat, edýäni düýbünden
başga zat. Gelip düşen jemgyeti ony ilkinji ädiminden goýnuna dolap, öz ugruna alyp gitdi. Musa akym ugruna akyp, ýylan çalasynlygy bilen yzyna ýüzjek bolýardy.
Giçden soñ duýdansyz ýagan gar Musa Çöli üçin tapylgysyz bagta
öwrüldi. Gar aýrylsa, gowaça ekjek gytmy, onsoñ bu şöhrat oña nädip ýetdirsin? Ýylan döwrüñ ruhunda pikir etdi: esasy zat ekmek,
netijesi bilen kimiñ ne işi? Netijede ol gar aýrylmanka gowaça ekip,
at gazandy. Onsoñ yzagalak, çet obadan sanlyja günde iñ göreldeli
hem ýurduñ merkezi obasyna aýlanan Çarwa goşmaça dökün bilen
bir wagtda habarçylar dökülip başlady. Ýaz gelse-de, entek sowulmadyk gyşyñ şuwlap içiñden geçip barýan ýiti şemalyna döşlerini
gerip, habarçylaryñ yzyndan-da bütin ýurduñ zähmetde öñdebaryjylary tejribe alyşmak üçin bu ýere syñsyraklaşyp geldiler. Çarwa
ugrybir dabara ulaşdy. Gelýän-gidýänleri diñe oba hojalyk tejribesi
bilen oñduryp bolmansoñ, pagtaçy gelin-gyzlardan derrew ”Heýjan”
folklor ansambly düzüldi. Halk tansa başlady. Ýöne bu gymmatly
tejribäniñ halkyñ ýaşaýyşynyñ düýp manysyna öwrülmegi üçin entek
wagt bardy, munuñ üçin ol jenap ýoldaş Prezidentiñ genisine ýugrulmalydy, şonsuz bu iş köwüş tozduranyña degjek däldi. Onda-da,
obalylaryñ keýpi göterilip, açlygy küteldi. Netijede ýakyn geljekde
Çarwada şäherdäki ýaly gazly suw, çigit, doñdurma satylar diýen
batyrgaý pikirler eşidilip ugrady. Wagtyñ aýak basyşy üýtgedi. Bir
görse, ynha, Kepjebaş eýýäm üç aý bäri adamlaryñ arasynda başyny
139
çarap ýör, diýmek, üç aý bäri ol adam sanynda! Eýsem şonça wagtyñ
içinde ol näme iş bitirdi? At gazandy, şöhrat. Onsuz adamlaryñ arasynda günüñi görmek kyn. Musa Çölä eýýäm paýtagtda hormat
goýýarlar. Ol bu güne deñeç iki gezek dabaraly Ýurt geñeşine gatnaşdy, öz tejribesini halka öwretdi: birinji gezek – gowaçany birinji
bolup ekmegi, ikinji gezek – ony gaýtadan birinji bolup ekmegi. Ony
ýygnagyñ prezidiumyna saýladylar. Jenap ýoldaş Prezident märekäniñ öñünde oña gözüni gypdy. Muny ýurt gördi we ýuwaşady. Ýöne
oba ýuwaş däl. Nämeleriñ bolup ýörendigini anyk bilmese-de, ýylan
bir belanyñ dömýändigini syzýar.
– Aman meniñ göwnüme ýaranok! – ol soñky gezek duşanlarynda
Şemşadyñ gulagyna haşyrdady. – Sen ony çak!
Şemşat onuñ ýüzüne nägile seretdi.
– Ýaramasa, özüñ bil. Meniñem göwnüme ýaramaýan bar...
Kepjebaşyñ girre gahary geldi.
– Abatmy? Sen ony diliñe çolama, ol meniñ üçin halk bilen aradaky
medeni köpri.
– Seniñ tragediýañ – halkdan uzaklygyñda! – urkaçy ýylan tas
marksistik äheñde igendi.
Kepjebaş gözlerini kinaýaly gülümsiretdi.
– Golaýlaşsam, bu halkyñ tragediýasyna öwrülermikä öýdüp
gorkýan...
Bu netijesiz ”sene-menäni” müdir häzir kabinetinde ýeke otyrka
ýatlady. Daýanara daýanç ýok, güýç özüñde bolmaly. Şemşat onuñ
köne derdi. Ol Menekliniñ özünden uly basdaş uýasy, Kepjebaşa ilki
söýgi bildirenem şol. Ol hiç wagtam Kepjebaşdan umydyny üzmedi,
golaýynda bolmak üçinem onuñ bilen deñeçer adamlaryñ arasyna
geldi, adam sypatyna girdi, Amana aýal boldy. Indem iki oduñ arasynda urunýar, heläk bolýar. Kepjebaş Şemşatda düşnüksiz bir
üýtgeşiklikleriñ bolup geçýändigini, onuñ öñküsiniñ ýokdugyny
syzýar, ýöne bu özgerişiñ nämeden ybaratdygyny bilip bilenok. Asla
onuñ bu zatlar bilen içgin gyzyklanmaga wagty-da ýok, bu-da Şemşady gaharlandyrýar, olaryñ gitdikçe arasynyñ açylmagyna getirýär.
Ol indi özüniñ Şemşada näçeräk bil baglap biljegini-de bilenok. Belki, ol Tal Tagana gutarnykly bil baglap biler? Onuñ köki nirede?
Dogry ýoly tapmak kyn, gözedürtme garañkylyk. Günortanyñ garañkysy. Daş-töweregiñ timisgenişip ýören adamlar. Tal Taganyñ mak140
sady näme? – Musa ýüregine düşüp barýan siñeklere bilniksizden
owsun atdy-da, olaryñ birini çaýly käsesine gaçyrdy. Öñündäki
düwmäni gaharly basdy. Sekretar gyz gelip, siñekli käsäni aýyrdy,
arkasyndaky serwantdan täze käse alyp, onuñ öñünde goýdy. Musa
ýerinden turdy, baryp serwandyñ içine seretdi, şübheli zat görmedi,
gelip ýerinde çökdi. Ýene oýa batdy. Ol çölde adamlardan basylyp,
adamlaryñ arasyna özüni urdy: ýagyñ daşyndan içi aman. Bu ýerde
onuñ güni erbet däl, her naharyna ganlyja böwrek, elinde emel, daşynda ýöwsellerden hyzmatçylar. Ýöne ol hyzmatyñ bahasy niçik?
Ol gara garnyna işläp ýören-ä däldir-dä? Ýo-ok! Musa ahmyrly towlandy. Bu bolmaz! Ol özüniñ adama öwrülip gidibermeginden heder
etdi. Ol häzir adamlaryñ edýän işini edip ýör, şeýdip jan edip işläberse, çölde onuñ kowum-garyndaşlaryndan tohumlygam galmaz. Isleg
başga, durmuş – başga. Gel-gel, Kepjebaşyñ özi bu gün indi gowaça
ekip, ýere aldygyna awuly dökün dökýär, çöle zeý suwuny akdyrýar.
Görsene, bu dünýäniñ oýnuny, ol bu gün hut öz garşysyna işleýär,
adamlar aýtmyşlaýyn: öz aýagyndan paltany urýar!
Biri birinden heder edýändigi üçin adamlryñ içi öýjük-öýjük, kimiñ
kimdigini biler ýaly däl. Nädip olaryñ ynamyna girmeli? Bu eýgertmese, onda ol şowsuzlyklaryny sanabermeli bolar, onuñ-da soñunyñ
nirä baryp degjegini kim bilýär. Musa ep-esli wagtlap özüni gynap
oturansoñ, adamlaryñ eminden gelmek üçin wezipe gerek diýen netijä geldi: adamlara erkiñ ýetmezden maksadyña ýetmek ýok. Ýöne
olara höküm etmek teletin çeýnänden enaýy däl. Ähli diýeniñ edilsede, içinde bitýäni az. Onuñ okuwy bu jemgyete erk ederden ejiz
gelýäne meñzeýär, diýmek, wezipe edinmese, iş pyrryk. Onuñ ähli
ýylan pirimleri adamlaryñ arasynda öz başyny çaramaga ýetäýse zor
boldugy. Niçik kemsidiji bolsa-da, Musa bu hakykata gitdigiçe gowy
göz ýetirdi. Eýsem, onuñ dagy alajy näme? Adamlary öwrenmeli we
diri galmak üçin göreşmeli. Onsoñam, göreş ýañy başlanýar, ruhdan
düşerden entek ir, gaçara-kowara maý bar...
Wagt geçdigiçe Kepjebaşyñ adamlaryñ syryna beletligi artýar, ol
olaryñ endiklerini öwrenýär we özüni adamlaryñ arasynda ynamly
alyp barmaga çalşýar. Elbetde, bu oña añsat düşenok, ýygy-ýygydan
öz isleginiñ garşysyna gitmeli bolýandygy lapyny keç edýär. Iñ bärkisi – ýylanyñ ýigrendigi üýşmeleñ, emma adamlar onsuz oñanoklar.
Welaýat merkezinden: ”Jenap ýoldaş Prezidentiñ gumuñ etegindäki
141
täze köşgüni görmäge Býuro Çarwa barjak. Daýhanlaryñ umumy
ýygnagyny taýynlañ, ýygnagyñ üstünlikli geçmegi üçin olaryñ ruhuny bolmalysyndan hem belende götermeli!” diýen buýruk gelende, ol
munuñ özi üçin aýgytly synag boljakdygyny bildi we ýygnagy ýokary derejede geçirmegiñ ugruna çykdy. Paýtagtdaky ýygnaklar munuñ
ýeke-täk nusgasy, diýmek: töwerek-daşyñda inçejik gara galstukly
sypaýy ýigitler, Býuronyñ halkyñ göwnüni ýörite göteriji jansyzlary
we ondan daşgary-da, arzan bahaly şugulçylar… Bular hökmany.
Galyberse-de, halk köpçüligi, onuñ ýygnagyñ dowamynda ýüze çykarmaly duýgularynyñ sanawy, öwüşginleri we güýji.
Diýlen gün gelende:
– Adamlar biziñ – baýlygymyzdyr! – diýip, tribuna çykan Musa
Çöli ýygnagy açdy-da, oturanlaryñ ýüzüne işdämen seretdi.
Daýhanlar bükgüldä gidip, ynjalyksyz gobsunyşdylar.
– Bu ýerde geñ galasy zat ýok – diýip, welaýat häkimi oturan ýerinden onuñkyny tassyklady. – Hemmesi dogry. Ýygnakdan soñ
halkymyza tans etdireris, şatlanyñ. Biziñ öñde goýýan makasadymyz
– müñ ýyldan gelmeli zady bir ýyldan getirmek, ertekini hakykata,
hakykaty-da ertekä öwürmek!
Musa Çöli dowam etdi.
– Biziñ bu täsin döwletimizi gurmaga gatnaşan, ýürekleri ile söýgüden atygsap duran adamlaryñ sözüni diñlemek biziñ hemmämiz üçin,
aýratynda ösüp gelýän ýaş nesil üçin peýdalydyr. Şamar ene bilen
Mäşirik gojanyñ hyjuwly çykyşlaryny diñläniñde, olaryñ gözlerinde
ýanýan alawy göreniñde, eliñe gö-ö-öni gylyjy alyp, egri söweş-ş-ş...
Müdire bu çykyşy ýazyp beren medeniýet orunbasary Abat pyşyrdady:
– ...egri gylyjy alyp, göni söweşe okdurylasyñ gelýär...
– Hawa... egri gylyjy alyp, göni söweşe okdurylasyñ gelýär! Geliñ,
onda häzir daýhan aýallaryñ adyndan çykyş etmek üçin kolhoz gurluşygynyñ weterany, hormatly Şamar enemize söz bereliñ!
Ady tutulan badyna Göroglynyñ Gyratyny ogurlan betnyşan kempire çalymdaş bir mükrüm garry öñki hatardan prezidiuma garşy müñedekläp gaýtdy. Daýhan eşiginde zala ýaýran jansyzlardan ikisi
goltugyna girip, ölmüş kempiri tribuna çykardylar.
– Bu durmuş üçin biz uzak ýyllar gyzyl gan dökdük! – kempir ýene
ýarym asyr bäri edip ýören gürrüñine başlady. – Baýlañ elinden ähli
142
zatlaryny aldyk, kolhoz gurduk, däninim. Baýlar: ”Biz bolmasak, siz
aç ölersiñiz” diýdiler, olar ýalñyşdylar, biz ölmedik. Ýöne olar
araçäkden añryk köp mal-mülk geçirdiler, hökümet-partiýadan haýyşymyz şonam yzyna alyp berse, armanymyz ýok. Baýlaryñ mallaryny garyplar iýmeli. Beýik Leniniñ wesýeti şeýle. Bu wesýetiñ doly
ýerine ýetenini görmän, biz rahat ölüp bilmeris!
Kempir adatyna görä, ýene şumjardy. Ol köne başbogusynyñ ujy
bilen çöññelen, gözlerini süpürende, daýhanlaryñ göwnünemi ýa
çyndan – onuñ gözleri ep-esli ýiteldi. Şonda olar:
– Dogry! – diýşip, ör turup, eýmenç el çarpyşdylar. – Biziñ et iýesimiz gelýär! Ýaşasyn Şamar ene! Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident!
Býuronyñ agzalary halkyñ ruhunyñ fontan ýaly dik ýokaryk atylandygyny görüp, myssa ýylgyrdylar.
– Indiki söz Mäşirik aganyñky. Ol bu obada kolhoz guranlaryñ biri.
Soñra size tans we halk çorbasy garaşýar!
– Bolmaz! – diýip, sur bagana telpekli goja entek tribuna ýetmänkä
kesgitli aýtdy. – Bu usulda kolhoz ýöremez! Başlygyñ diýenini etmedigiñ öñler gözüni günübirin Sibirden açardylar. Şony etseñ, kolhoz düzeler, bolmasa dagar, ana, meniñ aýtjagym. Men Gulluşa-da
kän aýtdym: muny bar-a, şol Staliniñki ýaly etmeseñ, dagar gider.
Buýruk ber, yza götinjekledimi – at! Ed-dil iki gözüniñ arasyndan
ber bir oky! Näme kän – orsuñ oky bilen ýaragy kän.
– Arman, orsuñ ok-ýaragy azaldy-da… – prezidiumda kimdir biri
ahmyr çekdi. – Ýogsam bolmanda, kolhoz ýykylarmydy diýsen-e?!
– Orsuñ ýaragy gutaran bolsa, özümiz ýasamaly! Pagtañ çigidinden
däri öndürmeli. Men öz pikirlerimden müñ sahypasyny aklama göçürip bolup, geçen hepdede jenap ýoldaş Prezidente iberdim. Ol hat
durmuşa ornaşdyrylanda, Mäşirik aganyñ kimdigini bilersiñiz. Geljekki nesiller maña minnetdar bolarlar. Bulary şeýtmeseñ bolmaz:
ber buýrugy, bitirenokmy, patylat ýazzy mañlaýyndan. Gulluş, tur,
özüñ aýt, näme diýdim men saña ilki başlyk belleneñde? Gönüñden
gel!
– Gulluşy ýylan çakyp öldürdi – diýip, onuñ gulagyna ýetirdiler: –
Saglyk ýagdaýy zerarly...
143
– Giç, arman, giç – kolhoz gurluşygynyñ weterany gynanç bildirdi.
– Ýoldaş müdir, meñ diýenimi etmeseñiz, soñ sizem ökünersiñiz.
Staliniñ ”üçlüklerini” dikeltmeli! Adam atmasañ, kolhoz ýöremez!
– Bizde indi ”kolhoz” ýok, ”daýhanbirleşikleri”, indiden eýlägem –
obalar bar! – ýygnagy alypbaryjy bellik etdi.
– Meniñ at dawam ýok... Obañ içinde ”troýka” işläp otursa, hemme
zat düzeler, ine, meñ diýjegim: düzelmese, meñ ýanyma gel!
Gürrüldili el çarpyşmalar Mäşirik aga öz ýerinde ornaşýança dowam etdi. Soñra welaýat häkimi şeýle diýdi:
– Jenap ýoldaş Prezident şeýle diýýär: ”Adam wagtyndan öñ ölüp
bilmez!” Men muny bizi ahyrzaman bilen gorkuzjak bolýan bilimseklere jogap hökmünde aýdýaryn. Diýmek, şeýle: wepaly grajdanin
üçin ahyrzamanyñ gelmeginde hiç hili gorkulyk ýokdur we bolubam
bilmez. Biziñ durmuşymyz munuñ aýdyñ mysalydyr: ”Kyrk ýyl gyran gelse, ajally öler, biajal galar!” – daýhanlar ýöwsel şowhun bilen
ör turup, gürrüldili el çarpyşdylar. Olaryñ süññüne giren gorky gözlerinden daşaryk jyklady. Welaýat häkimi dowam etdi: – Agşamlyk
gumuñ etegindäki Köşkde obanyñ öñdebaryjy wekilleri – folklor
tansçylarynyñ, aşpez-hyzmatçylaryñ gözden geçirilişi boljak. Çarwa
obasy bu bagta öz päk zähmeti bilen ýetdi. Oba zähmetkeşleri diñe
bir işde däl, eýsem ümsümlikde-de bütin ýurdumyza görelde. Görübilmedigiñ gözi çyksyn!
– Buýruk ýerine ýetiriler!
Duşuşyga gatnaşýan inçejik gara galstukly ýigitleriñ başlygy nökerlerini yzyna tirkäp, şol bada zähmet çekmäge ugrady. Olaryñ işe
başlandygy oba klubynyñ aşagyndaky zyndandan göterilen çirkin
seslerden bildirdi.
Býuronyñ agzasy Tal Tagan ýuwaşja ardynjyrap, tribuna çykdy.
– Men size bu gün mähriban topragymyzda halkymyzyñ azat-erkin
ýaşaýyşy barada gürrüñ bermekçi. Biziñ Konstitusiýamyz adam hukuklarynyñ dabaralanmasydyr. Biz adam jezalandyrylmagyna garşy
– Tal Tagan ýeriñ aşagyndan gelýän zaryn iññildini höwes bilen
diñläp, mylaýym ýylgyrdy-da, şüweleñli dowam etdi: – Biz azaşanlara dogry ýola düşmäge, terbiýelenmäge ähli zerur şertleri döredýäris. Bu ugurda tejribämiz ýeterlik, ýetmeýän zat diñe serişde. Çünki
biziñ ýurdumyzda ählihalk toý-baýramlaryny geçirmek hemme zatdan ileri tutulýar. Halkyñ dil medeniýetini ösdürmek üçin döredilen
144
Diller institutynyñ we ugurdaş edaralaryñ bilelikdäki ýyllyk maliýe
çykdajysy döwlet býujetiniñ ýaryna-da ýetýändir öýdemok. Diýmek,
milli girdejiniñ galan bölegi halkyñ keýpi-sapasyna sarp edilýär.
Jenap ýoldaş Prezident öz halkyna galanda aşa jomart. Onuñ erkana
ýaşaýyşy, medeniýetiniñ, diliniñ gülläp ösmegi üçin ol serişde
gaýgyranok. ”Ýaşaýyş däl, onuñ alamatlary möhüm!” ”Açlyk – ýaşaýyşyñ alamatydyr!” diýip, ol özüniñ ”Pähimler” kitabynyñ soñky
tomunda zerli harplar bilen ýazýar. Jenap ýoldaş Prezident ýurdumyzda ählumumy ümsümligiñ dabaralanmagynda Watanymyzyñ
Diller institutynyñ ähmiýetine aýratyn uly umyt baglaýar. Institutyñ
zähmetsöýer kollektiwiniñ halkda watançylyk ruhuny ýokary götermekde bitirýän işine ýokary baha bermek bilen ol biziñ ganhor däldigimizi, halk terbiýeçileridigimizi ýene-de bir gezek bütin dünýäniñ
öñünde tassyklady. Institutda döredijilik intelligensiýasynyñ synagdan geçen wekilleriniñ, halk ýazyjylarynyñ işlemegi onuñ gumanistik ugur bilen barýandygyna hiç kimde şübhe goýmaýar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen dana
pähimi her bir işde bize gollanma bolup hyzmat edýär. Hormatly
daýhanlar, geliñ biz jenap ýoldaş Prezidente we Býuro özümizden
uly bolan gözel Tañrydan baky ömür diläliñ!
Daýhanlar agzybir dileg etdiler:
– Hudaý olara uzak ömür bersin!
– Indi Watany söýmek meselesine geçeliñ. Bu mesele häzirki wagtda diýseñ aktual bolup durýar. Käbir adamlar alyp-da, öz keýpine
Watany söýübermelidir öýdýärler. Emma bu beýle däl, hiç kimiñ
Watany özbaşdak söýmäge haky ýokdur. Watany söýmegiñ düzgüni
şeýle: biz jenap ýoldaş Prezidenti söýmeli, jenap ýoldaş Prezident
Watany söýýär, diýmek, biz jenap ýoldaş Prezidente bolan söýgimiz
arkaly, onuñ merhemeti bilen Watany söýýäris! Bu bize berlen bagtdyr we biziñ ýurdumyzda Watany söýmegiñ ýeke-täk kanuny formulasydyr! Kim-de-kim bu kanuny bozup, jenap ýoldaş Prezidentiñ
daşyndan aýlanyp, Watany gös-göni özbaşdak söýjek bolsa, onda ol
kişiniñ gününe it aglar. Çünki beýle söýgüden geljekki pitnäniñ ysy
gelýär! Agzalan formula boýunça Watany söýmekde biziñ welaýatymyz ýurdumyz boýunça birinji orunda barýar (gürrüldili elçarpyşmalar).
145
Indi: ”Saglygym – baýlygym” diýen tema geçeliñ. Biziñ ýurdumyzda her kes öz söýgüsine görä ýaşaýar. Bolçulygyñ açary beýik
jenap ýoldaş Prezidente söýgüde. Kimiñ ýüreginde söýgi ody belent
ýansa, ol baýdyr. Seniñ ýagdaýyñ pesmi, onda günäni özüñden gözle: diýmek, seniñ jenap ýoldaş Prezidente söýgüñ ýabygorludyr. –
prezidiumdan bärik obadaşlaryna gözlerini çüýjerdip oturan Kakabaý
Garasöýmez ýerinden turup, el çarpdy. Daýhanlar onuñ yzyny alyp
göterdiler. Şonuñ üçinem Tal Tagan çykyşyny özüne gelişmeýän
ýokary pafosda soñlamaly boldy: – jenap ýoldaş Prezidentiñ parasatly serdarlygynda biz deñizleriñ ýerinde çöli, çölüñ ýerinde daglary,
daglaryñ ýerinde düzlügi dörederis!
– Eýsem, o zatlaryñ hersi öz ýerinde dursa bolmazmyka? – diýip,
kimdir biri ýaş ses bilen orta gürpden geñirgendi.
Munuñ degişmedigi ýa-da soragdygy belli bolmansoñ, prezidium
dil ýarany döwlete garşy bozgakçylykda gyssagly aýyplamaly diýen
karara geldi. Daýhanlar el galdyrdylar we ýañky dil ýaran gaýybana
”halk duşmany” diýlip yglan edildi. Haçanda ol öz ýagdaýyny ýeñilleşdirjek bolanda, gaýta has-da agyrlaşdyrdy.
– Adamlar, men gowy zat diýjek boldum! Dagy dag ýerinde, düzi
düz ýerinde goýup, oña derek bugdaý ekeliñ! Unumyz birçak baýady! Basym biziñ hemmämiz açlykdan gyrlarys! Ýaşasyn bugdaý!
Bugdaý sözüni eşidende, Kepjebaşyñ göz öñünde şol bada tolkunyp
ýatan bugdaýly meýdan janlandy. Dumly-duşdan bişen bugdaýa
çozýan mör-möjekler, guşlar, alakalar, dop-dok syçanlar, doklukdan
ýaña hüşgärligini ýitiren atýalmanlar, gögerçinler... Ol bir zamanlar
şeýle bugdaýlygyñ içinde başyndan geçiren bagtly günlerini ýatlady.
Ol öz höwri bilen bugdaýly meýdanda duşuşyp, bagtly boldy. Höwrüniñ gözüniñ üstündäki halkadan ýokarda menek bardy. Onsoñ
Kepjebaş oña Menekli diýip at berdi. Menekli entek üme-çüme düşmänkä onuñ kellesinden kişmir agyz salypdyr, şondanam menek
galypdyr. Menekli bilen bugdaýly meýdanyñ içinde olar uzakly gün
bile süýşenekläp gezerdiler, iýmit boldy, azar berýän ýokdy, iýmitiñi
alnañsoñ, çolaşyp-çyrmaşyp ýatmaly. Soñra Meneklini çölüñ içinde
demir diñleri süýräp ýören äpet maşyn basyp öldürdi. Dura-bara
arpa-bugdaýly, künjüli, ýorunjaly meýdanlar-da gözden uçup, olaryñ
barjasynyñ ýerini bir ekin tutdy. Ol ekin zäherden doýanok, ýylyñ
dört paslynda zäher bilen iýmitlenýär, niçikmi güýz gelýär welin,
146
gökde demir gyrgylar uçup ugraýar, olar ekiniñ üstüne awy sepýär.
Onsoñ nädip onuñ içinde janly-jandar galsyn? Adamlar ýeri zäherlediler: ýer indi ýer däl – zäher özleşdirýän boşluk!
– Ýok! – Musa oturanlara mejbury ýigrenç bilen bakgardy. Bu wagt
onuñ içinde haýsydyr bir aýylganç ar almak islegi dömdi: ”janlyjandaryñ gyrlan ýerinde iki aýakla-da aman galmak ýokdur!” – Býuronyñ karary üýtgewsiz: biz gowaça ekmeli! Býuronyñ karary – jenap ýoldaş Prezidentiñ islegidir!
Tal Tagan onuñkyny ýokary derejede tassyklady.
– Býuronyñ öñünde durjak güýç ýokdur. Kim-de kim biziñ ýolumyzy kesjek bolsa, biz onuñ gözüne görkezeris! Men muny Býuronyñ duşmanlaryna berk duýduryp goýýaryn. Ýaşasyn jenap ýoldaş
Prezident! Ýaşasyn Býuro!
Adamlar gorkuşdylar, hemmäniñ nazary gözsüz-batyr teklibi edene
garşy gönükdi, şeýdibem inçejik gara galstuklylara onuñ kimdigini
mähelläniñ özi bildirdi. Ýaş daýhan ýigit döwlete garşy bir iş edendigini öz-özünden bilip, derrew zaldan gaçyp çykmakçy boldy. Hojam Şükür onuñ türkanalygyna gussaly ýylgyrdy. Onuñ ýany bilen
bu ýere gelen inçejik gara galstukly çekgin ýigitler muña ”ha-hahaýlaşdylar”. Aljyran ýaş daýhan ýigit gapynyñ agzyna ýetende,
büdräp ýykyldy. Inçejik gara galstuklylar onuñ şondan soñky ýöremeli ýolunda janly geçelge ýasadylar. Ýaş daýhan ýigit olaryñ arasy
bilen prezidiuma garşy emedekläp ugrady. Onuñ gözlerinden ýolboýy dynman ýaş akdy, daýhanlar ony aldygyna näletlediler. Ol şol
gidişine emedekläp bardy-da, kellesini Hojam Şüküriñ dyzynyñ üstünde goýdy. Welaýat häkimi ýaş daýhan ýigidiñ betbagt kellesini
hamana öz balasynyñ başyny sypan dek mähirli sypap, oturan ýerinden söze başlady.
– Hormatly daýhanlar! Ýurdumyzda mähriban halkymyz üçin ähli
aladalar edilýär. Bir adam-da muny ”edilenok” diýip bilmez. Jenap
ýoldaş Prezident biziñ ugrumyzda gijesini gündiz edip işleýärkä, hiç
kesiñ agzyny açmaga ahlak hukugy ýokdur. Ol size ýalkymly salam
gönderdi!
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident!
Hojam Şükür ýylgyryp, sag elini ýokaryk galdyrdy we ”köşeşiñ!”
diýen yşaraty etdi. Ol dyzynda çalaja horkuldap ýatan ýaş daýhan
ýigidiñ kellesini sypalamasyny goýman, ýene şeýle diýdi: – jenap
147
ýoldaş Prezident häzir gijelerine bary-ýogy iki sagatjyk uklaýar,
galan wagty halkymyzyñ aladasynda. Onuñ atalyk aladasy netijesinde halkymyz çaý, çörek, kirsabyn bilen üpjün edilýär. Şäherlerde
halkymyz et, mesge diýen ýaly dünýäniñ öñdebaryjy ýurtlarynda
iýilýän iýmitleri iýýärler. Bu-da biziñ ýurdumyzyñ döwlet gurluşynyñ iñ öñdebaryjy ýurtlaryñ demokratiýasyna gabat gelýändigini
görkezýär. Basym biz çaýymyzy hut öz ýurdumyzda öndürilen süýjä
ýanap içeris. Jenap ýoldaş Prezident eýýäm süýjüniñ iñ gizlin syrlaryny açdy. Süýji massasynyñ gaýnadylyşy, taýýar massanyñ böleklere bölünişi hem-de süýjüniñ daşyna kagyz oralyşy bu gün bize aýan.
Halkymyzyñ pökgüje süýjüli bolmagy üçin indi diñe birje syryñ
açylmagy ýeterlik, ol şol pökgüje süýjüleriñ içine garnyny ýarman,
nädip toşap-baljagaz salmaly? Jenap ýoldaş Prezident häzir gijesini
gündiz edip, bu kyn meseläniñ üstünde işleýär. Ol bu ugurdan eýýäm
ylymlaryñ doktory derejesini aldy, diýmek, biziñ halkymyz ýakyn
geljekde süýjüli bolar! – ýaş daýhan ýigit özüniñ sabyrsyzlyk edendigine çydap bilmän, batly horkuldanda, Hojam Şükür onuñ ýeñsesine atalyk mähri bilen kakyp, köşeşdirdi. – jenap ýoldaş Prezident öz
mähriban halkynyñ diñe bir bu dünýäsiniñ däl, eýsem o dünýäsiniñde aladasyny edýär. Golaýlaşyp gelýän Halk Maslahaty mynasybetli
ol halkyñ öli wekillerine mugt kepen eçilmegi karar etdi. Indi biziñ
halkymyza o dünýäsi gaýgy däl, ýüregi päk adamlar ýaýdanman,
ölüp bilerler. ”Açlyk – ýaşaýyşyñ alamatydyr!” Sabyrly boluñ,
adamlar, ”Sabyr Rahmandan, äwmek – şeýtandan!” Biziñ halkymyzda çydamlylygyñ bagta ýetirýändigini subut edýän ýene-de şeýle
nakyllar bar... – Kakabaý Garasöýmez balagynyñ syrt jübüsinden
çykaran nakyllar kitabyny oña uzatdy. – ”Aç başym – dynç başym!”,
”Kanagada – bereket!”, ”Sabyrlylar müşgül işi her eder, bisabyrlar
haýyr işi şer eder!”, ”Ajygan ölmez, alñasan öler!” Görüñ, biziñ halkymyz nähili ajaýyp nakyllary döredipdir! Goý, her ädimde bu nakyllar siziñ ýadyñyzda bolsun, şonda biziñ mätäç zadymyz bolmaz,
şonda biziñ her birimiz bu ýurtda ýaşamaga mynasyp adamlar bolarys. Häzir bolsa, bütin oba bir adam ýaly bolup tansa çykyñ, şatlanyñ, azat ýurdumyza bileje guwanalyñ! Gowy tans edenlere mugt
çorba paýlanjak. Işdäñiz açyk bolsun, mähriban daýhanlar! Bu gün
biz häkimler bolup, sähra ýerde ürgün çägä täret gylyp, gumuñ etegindäki täze Köşkde ýurt ähmiýetli juma namazyna durjak, yzynda148
nam jenap ýoldaş Prezidentiñ adyna hutby okajak, dilegde-dogada
boluñ!
Adamlar sürrekleşip, biri biriniñ aýagyny basyşyp, tans meýdançasyna biri birinden öñürti ýetmek üçin öñürdikleşip gitdiler. Birsalymdan klubyñ öñündäki meýdançada tans şeýle bir gyzyşdy welin,
mähelläniñ aýagynyñ astyndan göterilýän kirşeniñ içinde ilki adamlaryñ özi, soñra tans meýdançasy, dura-bara obanyñ özi-de gözden
ýiterli göründi. Adamlar şeýle bir ajygýardylar welin, gara garynlaryny doýurmak üçin gije-gündiz tans etmäge-de taýyndylar. Welaýat
häkimi mähellä kesesinden ep-esli salym seredip durdy. Onuñ tansa
göwni ýetdi. Bu tomaşadan ýadar ýaly däldi, emma adamlaryñ ümürsine çümmegi oña nämedir bir zady ýatlatdy. Ol göterme oturgyjyndan turdy.
– Göwnüme bolmasa, biziñ arassa howadan dem almaly wagtymyz
geldi! Ýok, duruñ entek, bu kirşenden çykyp gelýäne kim diýerler?
– Onuñ ady Aman, ýaşy otuzdan agan, çagalykda kellesi kel bolan,
böwreginde daş ýok, gan basyşy kadaly. Ýetim. Halkyñ adyndan
kabul edilýän dokumentlere halk ýetimleriniñ adyndan gol goýýar.
Obada sylagy orta gürpde, öýlenen, çagasyz, düýşleri galagoply... –
inçejik gara galstuklylaryñ başlygy elindäki kitabynyñ gatyny şarpyldadyp ýapdy. – Bu güne deñeç aýratyn bellikde durmaýanlaryñ
belliginde. Munuñ özi, biziñ milli howpsuzlyk sistemamyza görä,
onuñ, edil beýleki adamlar ýaly, umumy şübhe astyndadygyny añladýar.
– Oña çorba beriñ!
– Halk çorbasyndanmy?
– Ýok, hökümet çorbasyndan. Bu adamda gujur bar, onuñ ýumryýumşak bolup görünmegine özüñizi aldatmañ, almyta öwrenişdiriñ.
Häkimligiñ maşynyndaky termosda etli çorba bardyr. Ýöne onuñ
Çary-kitap bilen tirkeşmegi biziñ döwletimizi iñkise goýman bilmez.
Men onuñ damak edinişini görmekçi.
Aman çorbadan birki çemçäni hopurdadyp içdi-de, öz üstüne abanyp duranyñ ýüzüne aşakdan ýokaryk manysyz seretdi.
– Iý, semre. Doýmasañ, ýene çorba bar. Biz saña ynanýarys. Sen
semremeli.
– Hany ýañky ýaş daýhan ýigit? – Aman özüne golaý gelen inçejik
gara galstukly ýigitden gözlerini tegeläp sorady.
149
Inçejik gara galstukly ýigit süýem barmagyny dodagyna ýetirip,
gözlerini alartdy.
– Çüş-ş... ”Ol” diýip geple! Hiç hili ”ýaş daýhan ýigit” bolmandy,
ýogam, geljekde-de bolup bilmez! Düşnüklimi?
– Düşnükli – Aman gurakdan gurak ýuwudyndy. – ”Ol” indi ýokmy?
– Nämüçin ýok? ”Ol” bar... – welaýat häkimi gürrüñe goşuldy. –
”Ol” öñküsi ýaly janly, ýöne öñküsinden has bagtly, ol indi hiç
haçan tutulmaz.
Aman kellesini tutdy, ol welaýat häkiminiñ gözüne görkezip, hasrata çümdi.
– Beýtme! – diýip, welaýat häkimi oña hoşniýetli duýdurdy. – Munyñ bolanok, başyñy dik tut. Hemme zat gülala-güllük: halk şat,
seret, onuñ tans edäýişine! Tozanyna seret!
Aman dar mañlaýynyñ aşak eteginde ýerleşen ullakan ala gözlerini
welaýat häkimine balkyldadyp dikdi.
– Halk aç, ol alaçsyzlykdan tans edýär.
– Ynanamok – welaýat häkimi ýüzüni kürşertdi. – Ynanamok! Tutuş bir halkyñ alaçsyzlygyna kim ynanar? Itiñ ajy bolsa, onda halk
nämüçin tans edýär? Açlygyny ýadyndan çykarjak bolýarmy?
– Ýok, beýle däl. Siz halka: ”Tans ediñ!” diýdiñiz. Onsoñ halk tans
etmän, dagy nätsin?
– Ýok, bu mümkin däl. Men öz gözlerime-de, gulaklaryma-da ynanyp bilemok. Menem aç bolup görüpdim, ýöne meni hiç kes tans
etdirip bilmändi. Bolşewikler ”kolhoz gurýarys” diýip, biziñ malmülkümizi elimizden alyp, özümizi-de ýer-ýesir edip, çöllüge sürdi.
Biz bütin maşgalamyz bolup, çölde aç galdyk. Men ol wagt bäş ýaşly
çagadym, ýöne şonda meniñ ýumrugym düwüldi. Bular bolsa, tersine, öz ýurdunda açlyga sürgün edilseler-de, elleri serik. Men bu tansy gözüm bilen görmek üçin bütin ömrümi sarp etdim. Eger-de öz
wagtynda kompartiýa girmedik bolsam, armanly ötjek ekenim. Onda
men öz mal-mülkümizi gurt edip iýen adamlaryñ nesilleriniñ aç tansyny görmän, bir ýerlerde öler giderdim. Alla keremdir, kişiniñ malyna tokunan baýnamaz, kişiniñ ojagyny dargadanyñ öz ojagy gömler. Bu jemende üçin janyñy ýakma, bular öz ata-babasynyñ eden
agyr günäsiniñ jezasyny çekýärler. Şol sebäpden-de öz ata150
babalarynyñ eden günäsinden ýülünýänçäler bulara hiç kesiñ delalaty
degmez! Eýsem ruhy heýwerelileriñ derdine derman tapylarmy?!
– Ogul atasynyñ oduna ýanmaz, gyz – enesiniñ.
– Ýanar. Adam başyna bir ot ýakmaga biziñ wagtymyz ýok. Odunymyz-da. Gazanda halk çorbasy gaýnap dur, sen nämä hapa
bolýañ? Biz pagta planymyzy dolarys. ”Onuñ” özi samsyk, aglama!
– Bolýar – Aman gözýaşyny süpürdi. – Ýöne men aglaman, kim
aglasyn? Men ne gabyr gazyp bilýän, ne-de – adamynyñ nämüçin
ölýändigini.
– Adamynyñ kazasy dolýar, ýagny çöpi gutarýar. Gabyr-da, ine,
şeýle gazylýar, gel, men saña görkezeýin!
Hojam Şükür barmagy bilen yşarat edende, oña iki gulakly pil getirip berdiler. Onsoñ ol iş edinip, tans edýän märekäniñ bir çetinde
Amana gabyr gazyp görkezdi.
– Ine, şeýle! – Hojam Şükür öz eden işinden hoşal bolup ýylgyrdy,
dişiniñ arasyna giren gumy gabryñ içine tüýkürdi. – Goý, bu gabyr
nesibelä nesip etsin. Meselem, ”ol” muña mynasyp.
– ”Onuñ” çöpi gutardymy? Kazasy doldumy?
– Dur entek, garaş, howlukma... – Hojam Şükürowiç getirilen göterme oturgyja gonup, onuñ başyny mähirli sypady, gussaly ýylgyrma onuñ tozan siñen ýüzüne gelişdi. – Sen edil neresse çaga ýaly,
ümbilmez... ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Adamynyñ başyna
ýetýän zat – onuñ gedemligi. Biziñ ýurdumyzda biajal ölümiñ iñ
esasy sebäbi şudur. Men galanlaryny ownuk görýärin, olar hasap däl.
Ýöne adama keselläp ölmek bagty-da ýetdirip biler. Beýle ýagdaýda
oña jenap ýoldaş Prezidentiñ fondundan mugt kepen berilmeli.
– Ol fond ulumy? Halk kösenmezmi? – Aman umytly sorady. –
Men öz kepenimi boýnuma orap gezmekçi: ”Garybyñ maly – gözüniñ alnynda!”
– Bu synag bizde geçirildi, netijesi – ýaramaz. Diriler kepenlerini
satyp iýýärler, şeýdip, ömürlerini uzaltmakçy bolýarlar, soñ olary
çüw-ýalañaç gömmeli bolýar. Jenap ýoldaş Prezident haja gidip,
Mekgäniñ gara daşyna mañlaýyny goýan adam, öz ýurdunda adamlaryñ kepensiz jaýlanmagyna ýol berip bilmez. Diri adama kepen düşmez, onuñ üçin öñürti ölmeli. Galanyny Tal Tagan düşündirer. Halkyñ her bir wekili bilen aýratynlykda gürleşmäge meniñ wagtym
ýok. Men halk bilen umumylykda gürleşmeli. Hoş!
151
Welaýat häkimi ýerinden turan badyna Tal Tagan gelip, Amanyñ
gaşynda gondy.
– Aýal bilen agzyñ alarsa, molla-müftüden ne haraý? Pikir etme,
Býuro hemmesinden habarly, git-de ýat, ertirkini ertir göreris. Akyllyja bolsañ, Şemşat irgözünden öýe geler. Ýöne ýalñyşma, biziñ
senden tamamyz uly. ”Oña” biziñem ýüregimiz awaýar, bilip goý,
şonuñ üçin-de Býuro oña örän çuññur gabyr gazmaly diýen karara
geldi...
– Elbetde, biziñ hemme adama ýüregimiz awaýar, ýüregimiziñ başy
mydama çawlanyp dur. Seret, men derman içip, özümi köşeşdirýärin.
– Yzyna dolanyp gelen welaýat häkimi Amanyñ üstüne ýañadandan
abanyp, aýasyndaky dermany görkezdi, soñra-da ony agzyna atyp,
gurulygyna ýuwutdy. Onuñ kösenip, bokurdagyny süýndürişini görende, Amanyñ bokurdagy-da öz-özünden süýndi. Ol bitişik gaşlaryny bürjeşdirip, aşakdan ýokaryk kaýyllyk bilen seretdi. – Seret, men
halk çorbasynyñ köp bolmagy üçin dermanymy suwsuz ýuwudýaryn.
Adamlaryñ muny bilmegi gerek. Eger kimdir biri bu kirşenden bäriligine çyksa, sen oña bu zatlary düşündir-de, yzyna it. Kim-de-kim
döwlet ähmiýetli tansdan boýun gaçyrsa, bu onuñ syýasy şowakörlügidir. Biziñ hemmämiz-de halkyñ ogullary, halkyñ diri ýerinde –
diri, öli ýerinde – öli. Halkyñ muny bilmegi hem özünde kaýyllyk
duýgusyny esasy duýga öwürmegi gerek. Aslynda halka başga
duýgy gerekmi? Meniñ pikirimçe, halka iki sany duýgy ýeterlik:
kaýyllyk bilen minnetdarlyk. Ýöne olaryñ ikisem çuñ bolmaly.
– Düşnükli – Aman kaýyllyk bilen baş atdy.
– Tal Tagan seniñ aladañy eder, hiç zady gaýgy etme, iý-iç semrejek bol! – soñra ol oba müdiriniñ goltugyndan tutdy. – Ýör, onda,
gideli, ýogsam juma namazymyz gijiger. Bize ol ýerde Oba folklor
topary garaşýandyr. Jenap ýoldaş Prezident: ”Çeper höwesjeñlik –
halkyñ ýaşaýyş ugrundaky göreşidir!” diýdi. Halk özüniñ ýaşaýyşa
ukyplydygyny çeper höwesjeñligiñ üsti bilen görkezmelidir. Basym
ýurduñ ýolbaşçy işgärlerinden-de folklor topary dörediljek, şonda
biziñ bütin ýurdumyz çeper höwesjeñleriñ ýurduna öwrüler. Iş kän.
Halk bilen Tal Tagan gürleşer – soñra ol müdiriñ egnine kakdý. – Tal
Tagan gepe çeperdir, sen gaýgý etme. Ýöne ätiýaçdan biz oña ”Halk
nakyllary” kitabyny goýup gidýäris. Ol syrt jübüsinden bir kitap
çykaryp, ideologiýa orunbasarynyñ eline tutdurdy: – Eliñi gyýdy152
raýma, ägä bol, bu aşa ýiti ýaragdyr! Bu ýarag ötmese, öwlüýä
galýar... Öwlüýäden añyrda... – ol goltugyndan daşy gymmatbaha
bezegli, kitaplaryñ kitaby ”Ru” kitabyny çykardy, – jenap ýoldaş
Prezidentiñ gudratly pähimleri. Gurhan munuñ ýanynda – oglan
oýunjagy. ”Ru” kitabyna ýykylan ähli dertden gutular, ýykylmadyk
ýa gije öler, ýa gündiz, omyn!
Häkimler:
– Omy-yyn! – diýşip, agzybirlik bilen alyp göterdiler-de, soñra
ýeñil maşynlara küýkülere gelişmeýän çalasynlyk bilen böküşip
mündüler.
Hatar tutup, ýola düşen ulaglaryñ yzynda kirşen göterildi. Şol wagt
halk tozanynyñ içinden çykan Şamar ene Amanyñ beýle ýanynda
gelip gondy. Onuñ elinde bir okara şurruk çorba bardy. Şamar enäniñ
yzyna düşüp, Maral-da tozandan çykdy. Gelip, kolhoz gurluşygynyñ
weteranyna ýalbardy.
– Şamar ene, çorbamyzy goşaýaly, meñ çöregim halys zat däl ekeni, gury iýiläýdi. Siziñ çörek paýyñyz köpräk ýaly...
– Çörek iýjegiñ çyn bolsa, synpy duşmanlary gyrmaga gatnaşmaly
ekeniñ-dä!
– Şamar ene, men garabagt kolhoz gurlansoñ doglupdyryn.
Şamar ene Maralyñ elindäki okara boýnuny uzatdy.
– Içinde zat barmy?
– Bar... – Maral çorba kölegesini saldy. – Seret, Şamar ene, içi etden doly, edil hökümet çorbasy ýaly.
– Bolýa-da, guý onda!
Tabagyndaky şurruk çorbany Şamar enäniñ weteran çöregi dogralan okarasyna guýan Maral çemçesini işletdi. Şamar ene özüniñ utulandygyny tabagyñ düýbi görnende bildi. Tölemeden tä ýeñsesi tüññerýänçä içen Maral:
– Garnym ýazylaýdy, ömrüñiz uzak bolsun Şamar ene! Beýle süýji
nany men bu çakda dadyp görmändim – diýende, şurruk çorbanyñ
içinden öz diri ýiten çöregini gözläp oturan Şamar ene gazap atyna
atlandy.
– Çorbañ gursun, çöregimi zaýalady! Sen aldap, meniñ çöregimi
iýdiñ! Sen biajal ölersiñ! – garrynyñ gury dodaklary gargynçly
çömmeldi. – Seni möý sokar, ýylan çakar, gök dalak eder!
Maral gorkuly ýuwudyndy.
153
– Günämi öt, Şamar ene!
Şamar ene sesini çykarman, müñedekledi gidiberdi: öt nire, ötme
nire!
Bu wagt gumuñ etegindäki Köşge gelip düşen häkimler namaza
durdular. Welaýat häkimi elindäki gara ”diplomatyndan” ozaldan
taýyn oralan sintetiki sellesini çykardy-da, kellesine geýdi. Onuñ
göreldesine eýeren etrap häkimleri: ellerini sokup, ýagyrnylaryndan
taýyn sellelerini çykardylar. Musa Çöli şonda olaryñ asyl küýki däl
ekenligini görüp galdy. Onsoñ ol öz başyndaky şlýapasyny şol demde peşeneli sellä öwürdi-de, ýanyndakylaryñ indiki hereketini gaýtalamaga taýynlandy.
– Allahy ekber! Allahy ekber! Allahy ekber!
Namaza duran mähelle dürli ululykdaky gulaklaryndan aslyşyp,
halymsyrady. Ýöne ymam namaza gyzygan badyna häkimler özara
pyşyrda ýatdylar.
– Sen täreti nämä gylýañ? – diýip, ýanaşyk duran paýtagta belli
köne kommunistleriñ goýnuñ böwregi ýaly küti dodaklysy lokga
burnunyñ üsti ullakan äýneklisine pyşyrdap sorag berdi. – Men-ä
dezinfeksiýa üçin täret suwuna birneme rus aragyndan damdyrýan.
Dinem gerek, ýöne ätiýaçlygam gowy zat, şeýle dälmi nä?
– Elbetde. Ýöne men-ä täreti mineral suwa gylýan, otyrerimize arak
ýanaşdyrar ýaly däldir – gemorroý. Araga agyz çydaýar. Sen kündügiñ düýbünde galan suwy soñ dökmeli bolýansyñ?..
– ...Ýeuzu billahi mineş-şeýtanirrajim- Bismillahi rrahmanirrahim...
– Ýok-la, heý onam bir dökäýmeli bormy? Namazyñ öñündensoñundan agzymy çaýkaýan, onsoñ namaz şähdiñi açyp, ruhuñy
täzeleýär. Işde dagyn namaz wagtyna zordan ýetäýýän, uzaga çekse,
azarladyberýär. Başda üç wagtyna okaýardym, häzir bäşe düzüldim.
– Gowusy täreti arassa suw bilen gylyp, soñundan çüýşäni öñüñe
ymykly alan ýagşy. Ýogsam, derýa talhan çalan ýaly edip, onuñ
näme manysy bar, ne arak içen, ne-de täret gylan. Ýok, seniñ munyñ
mekru bolýar, musulmana isrip – haramdyr. Ynanmasañ, ýoldaş
ymamdan sora, onda Hadyslaryñ orsça neşiri bar – äýnekli häkimiñ
goñşusy küti dodaklaryny ýalady.
154
– Elhamdu lillahi Rabbilalemin – diýip, ymam sesini gataltdy. –
Errahmanirrahim. Maliki ewmid-din. Lýýake na,büdü we iýýake
nestein. Eşşedi-enne, lä-lähi Ilalla...
– Bolsa bardyr. Ýöne sen başga bir zady ýadyñdan çykarýañ –
diýip, onuñ goñşusy janygyp pyşyrdady, – çüýşäni metjitde ulanmagyñ özi mekru. Çüýşe metjide sygyşanok, emma künnük – ylaýyk.
Adam ogly seniñ künnükden näme içýäniñ bilen işi ýok. Bir kemi –
yzyndan tamşanyp bolanok.
Ymam namazyñ arasyny böldi.
– Juma namazynda gürrüñ edenleri üçin ”Gyzyl baýdak”, ýok ”Ýaşyl baýdak” hem ”Lenin”, ýagny ”jenap ýoldaş Prezident” etraplarynyñ arçynlaryna berk kommunistik... estagpuralla, ýagny demokratik
partiýa käýinjini yglan ediýärin!
Ymam bärisine öwrülmän, goltuk jübüsinden taýyn partiýa
käýinçlerini iñ öñdäkiniñ eline tersligine tutdurdy. Ýaşyl jähekli iki
tagta kagyz namaza duranlaryñ arasy bilen düzgüni bozujylara garşy
elden-ele geçip gaýtdy. Mähelle ýuwaşady.
– ...Ihdines-syratal müstakim. Siratel-lezine enamte aleýhim, garilmagdubi aleýhim weled-dallin. Omyn! – juma namazyny soñlan
ymam welaýat häkimine öwrülmäge gyssanman, aşak çöküp, aýbogdaşyny gurady. – Ýoldaş musulmanlar, adatdaky ýaly, juma namazyndan soñky dini wesýetimizde bu günem jenap ýoldaş Prezidentiñ
egsilmez rehmetine hutby okaljak.
– Onda bismylla rrahmanrrahim!!
– Bismylla rrahmanrahim!!
– Alla jenap ýoldaş Prezidente baş saglyk, uzak ömür bersin!
– Alla jenap ýoldaş Prezidente baş saglyk, uzak ömür bersin!!
Edil şol wagt niredendir başga bir ýerden gumuñ etegindäki Köşe
näbelli namaz sesi gelip ýetdi. Häkimleriñ ymamy goltugyndan saldamly daş çykaryp, daşaryk ylgady.
– Gapdyryñ oñ sesini! – ol gahar-gazap bilen gygyrdy we bar güýji
bilen ses gelen taýa elindäki daşyny zybyrdadyp zyñdy.
Häkimleriñ hemmesi ymamyñ göreldesine eýerip, ellerini goltuklaryna sokup çykardylar-da, goñşy obanyñ minberine garşy daş ýagdyrdylar. Namazyñ sesi sem bolansoñ, ynjalyp, ýene Köşge döküldiler, mynajaty dowam etdiler.
– Alla jenap ýoldaş Prezidente döwlet-iman baýlygyny bersin!
155
– Alla jenap ýoldaş Prezidente döwlet-iman baýlygyny bersin!
– Omy-yn!
– Omy-yyn!!
Welaýat häkimi şondan soñ mañlaý derini syldy.
– Bu günki juma namazy tamam!
Häkimler seslerini çykarman, haýsydyr bir möhüm waka garaşdylar. Ahyrsoñy Abat çynlakaý görnüşde gapydan girdi.
– Folklor topary hammamdan çykdy. Merhemet ediñ!
Abat medisina bukjasyny açdy-da, häkimlere ýukajyk medisina
ellikleridir agyz-burna dañylýan ak marly paýlap çykdy. Häkimleriñ
hemmesi welaýat häkiminiñ etjek yşaratyna garaşdylar. Ol Abadyñ
kömegi bilen agyz-burnuny ak marly bilen ykjam dañdy-da, soñra
rezin ellikleri ellerine geýdi. Etrap häkimleri onuñ bu hereketlerini
gylyny gymyldatman gaýtaladylar. Abat olara çalasynlyk bilen ýardam berdi. Soñra ol öñlerine düşüp, gapylary açyşdyryp, häkimleri
goñşy otaga alyp gitdi. Ol ýerde ýap-ýañyja hammamdan çykan ononki sany ýaş gyz-gelin ullakan otagyñ ortasynda häkimlere garaşyp,
utanjyraşyp durdular. Welaýat häkimi etrap häkimleriniñ başyny
çekip, özleri üçin taýynlanan uzyn stoluñ başyna geçdi. Häkimler
oturgyçlarda ornaşan badyna Abat gyzlara ”başlaberiñ!” diýen yşarady etdi.
Ilkinji bolup, ömrüne ýat adamynyñ öñünde köýnegini çyzgap görmedik ýaşajyk akýagyz tyñkyja gyz daşky geýim-gejimlerini çykaryşdyryp ugrady. Häkimler ýüzlerini asyp, garaşdylar. Olaryñ daşky
sypatyndan-da, döwlet ähmiýetli iş bilen meşguldyklaryny ýalñyşsyz
añsa bolýardy. Gyz diñe uýat ýerini ýapýan ýukajyk içki geýimde
galdy. Ol ýaýdana-ýaýdana häkimlere golaý gelende, welaýat häkimi
onuñ tenine üns bilen syn etdi-de, gyzyñ budunyñ iç ýüzündäki garaja tegmili rezin ellikli barmagy bilen dörjeledi.
– Bu näme?
– Meñ... – gyz çym gyzyl bolup seslendi. – Ýokarrakda-da biri bar,
ululygy bu görýäniñiz bilen deñ. Açaýynmy?.. – elini uýat ýerine
ýetiren gyzyñ ýañaklary utançdan nar dek gyzardy.
– Ýok, bu taýy orramsynyñ oýnagy däl, merhemetli jenap ýoldaş
Prezidentiñ döwletli mülki. Her bir zadyñ öz ugry-utgasy, edilişi bar.
Size galsa, bar zady derrew buýr-bulaşyk etjek. Biz welin, bu zatlary
sungat derejesine götermeli. Hemme zat göze hem gulaga ýakymly
156
bolmaly, muny ýadyñdan çykarma, keýigim! – diýip, Hojam Şükürowiç Şükürov gyzyñ sadylla bolup durşuna haýpy gelip hüñürdedi.
– Bolýar. Ýöräber, beýlekilerem görsünler.
Etrap häkimleri gyzy talapkär gözden geçirdiler. Olar öz işlerine
çynlakaý ýapyşýardylar. Häkimler şeýle bir yhlas etdiler welin, gyzyñ teninde ýaşyryn ýer galmady.
– Nädýäs? – diýip, soñra Hojam Şükürowiç etrap häkimlerinden
sorady.
Ilkinji bolup, welaýat merkezine ýakyn ýerleşen etrabyñ häkimi
Temmeli Kelte diýseñ ätiýaçly başlady:
– Gyz akýagyz, teni näzik. Umuman erbet däl ýaly gördüm, ýöne
tirseginde az-kem çor bar. Umuman, meñ pikirim, gyz entek birneme
özüni tutmaly. Ýöne boýuny kelteräk ýaly gördüm. – ol kärdeşleriniñ
gözlerinde gülkä meñzeş alamatyñ çawup gidendigini görüp, öz kelte
boýuny uzaltjak bolýan dek oturgyçda birneme dikgerdi, soñuny
çöplüge urdy: – Umuman bir göräýmäge erbedem däl ýaly gördüm...
– Umuman, menem şeýle pikirde – diýip, ýene bir häkim söze başlady. – Gyz bir görmäge gowy, ýöne gözleri gyýkmagrak. Dişleri
abat. Ýöne entek teni ýumşaşmaly. Belki, ony birnäçe gün bassyr
hammama salmalydyr? Bilemok, mende taýyn usul ýok, hemme zat
aşa jogapkärli, men bu agyr ýüki mynasyp götermäge güýjüm ýetmezmikä öýdüp gorkýan, meniñ ýüregim çydanok! – diýip, ak saçly
häkim birdenkä çep gursagyny mynçgalap, sesini endiretdi. – Allañ
özi abraý bersin, biziñ bu işimiz örän jogapkärli, merhemetli jenap
ýoldaş Prezidentiñ welaýatymyza gelmegine az wagt galdy – ol tolgunmakdan ýaña gyzaran mañlaýyna elini ýetirip, öwhüldedi. – Eý,
Tañrym!
Oña derrew suw getirip berdiler. Ol bulgury zarp bilen başyna çekdi-de, ýuwaşady. Gözüni mölerdip, daş-töweregine seretdi. Soñra
häkimler ýeke-ýekeden gyza baha berdiler. Welaýat häkimi jemini
jemledi.
– Siz biziñ Watanymyzyñ baky bitaraplygy hem garaşsyzlygy üçin
o diýen ähmiýeti bolmadyk ownuk-uşak zatlarda eglenýäñiz. Meselä
iri çemeleşmäni öwreniñ. Umuman, bu gyz boljak: aýaklary, göwüsleri bar, teni akýagyz, näzik. Bu işde haýal etmän, birnäçe öńegidiţligi gazanmak döwlet ähmiýetli mesele bolup durýar; jenap ýoldaş
Prezidentiñ gelmegine entek wagt bar, dowla düşmäñ, biz öz höwe157
sjeñ gelin-gyzlarymyza timar berip ýetişeris. Ýöne gyzyñ dodaklary... ýok, bu meselede biz kemçilik goýberip bilmeris, munuñ agzy
ullakan, biz ony nädip düzedeli? Bu bizi ýüzügara edip biler. Köp
geplemese, munuñ agzy nireden beýle ullakan bolsun? Biziñ wezipämiz folklorçylara hemmetaraplaýyn baha kesmek. Bu gyz meniñ
böwrümi diñledýär. Ýok, bolmaz... bolmaz! Nädeñde-de bolmaz!
Men gaty gynanýan, ýüregim para-para bolýar, ýöne etjek alajym
ýok, başarman, öz ynsabymyñ garşysyna gidip bilmerin! – ol Abada
ýüzlendi: – Bu gyza näçe wagtdan bäri ideg edýäñiz?
– Iki hepde bäri.
– Meniñ pikirimçe, döwletiñ serişdesi ýele sowrulypdyr, gyz talaby
ödärden pesde. Goý, bu meýdan işine gitsin, oba hojalygynda ulanylsa, halkymyza, döwletimize, jenap ýoldaş Prezidente has köp peýda
getirer.
Gyz bu sözi eşidip, tas ünden gidipdi. Ol eşiklerini geýnip durşuna
özünden yzdaky boýdaşlaryna gözi gidip seretdi. Abat ony başga bir
jaýa geçirdi. Gözleri okara ýaly ýaş gelin stoluñ bir çetinden seýkin
basyp ýöräp ugranda, häkimler özara pyşyrdaşdylar: ”Ine, mal...”
Ýat adamlardan onçakly utanyp durmaýandygyny bildirip, gelin öz
artykmaç ýerlerini mese-mälim görkezip, başardygyndan jan etdi.
Onuñ uzyn aýaklary, çalasyn elleri, bedeniniñ güýji häkimleriñ ünsüni çekdi.
– Bu gelin folklora gatnaşyp biler. Biziñ halkymyzyñ aýal maşgaladan edýän talaplaryny doly kanagatlandyryp biljek. Munuñ ýöriteleşen ugry barmy, sportdan, bu aşa merdem görünýär-le; eger munda
birneme näziklik, utanjañlyk-da bolaýanlygynda, belli bahasy boljak
däl ekeni... – diýip, häkimleriñ kelte geñeşiniñ kararyny welaýat
häkimi mälim etdi: – Bu gelniñ sesi näzik, gözleri oýnap dur, emma
nämüçindir, bedeninde erkegiñ güýji bar?
Abat Hojam Şüküre garşy egildi:
-Adaty oba gelni-d, maşgala ekleýär.
– Näme munuñ başy boşmy?
– Ýok.
– Adamsy ýata hassamy?
– Itdenem sag. Ýöne, özüñiz bilýäñiz, käbir ýagdaýlara görä erkekler öýdeçil bolansoñlar, gelin-gyzlar köçede, ýolda-yzda köpräk
bolmaly bolýarlar... ”Her iş bolsun, bähbit bolsun!” diýleni, netijede
158
halk döredijiligi görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Gelin-gyzlarymyz
ozal öñe çykyp, aýdym aýdyp, tans etmäge utanardylar. Jenap ýoldaş
Prezidentiñ ”On ýyl abadançylyk” programmasyna laýyklykda utanç
meselesi añsatlyk bilen çözüldi: daşary ýurtlara arkasy goşhaltaly
söwda gatnaýan gelin-gyzlardan obamyzda striptizçiler toparyny
döretdik. Egin-eşiklerini professional striptizçileriñkiden çalt çykarýanlygy diýmeseñ, galan zatda olardan pes düşenoklar.
Hojam Şükür göwünjeñ baş atdy.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ syýasadynyñ öñünde durjak güýç ýokdur. Indiki!
Maral çekinjeñlik bilen özlerine garşy ýörände, häkimler özara
ümleşdiler. Gelniñ teninde kemçilik ýokdy, göwresi ýylanyñ damagyndan çykan ýoly lowurdap durdy. Diñe budunyñ iç ýüzündäki
barmak basaýmaly ululykdaky gara hal onuñ paýtagta iberilmeli
topardan alnyp galynmagyna tutaryk boldy.
– Welaýat derejesinde işlemäge rugsat edýäris, meselem, gumuñ
etegindäki bu Köşkde.
Häkimler gelniñ begenç gözýaşyny görmezlige saldylar. Folklorçy
Enar orta gelende, olar ýene-de görnetin janlandylar:
– Aperin! – hökümet komissiýasy gyza umumy şeýle baha berdi: –
Munuñ inine suw ýöräpdir...
Häkimler folklorçylaryñ içinden üzümiñ suwy ýaly gyz-gelinlerden
birnäçesini saýlap, olary döwletiñ milli baýlygy diýip yglan etdiler
we paýtagta ýollamaly etdiler. Başarnyklaryny jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özüniñ gözden geçirjekdigini eşidenlerinde, bijesi çykan
gyzlar bagtdan galdyraşsalar, gelinler syrly ýylgyryşdylar. Şol syrly
synagdan-da üstünlikli geçip bilseler, soñra öz egin-başlarynyñ,
aýakgaplarynyñ galan ömürlerine bitin boljagyna bagty çüwenleriñ
umydy uludy.
Hojam Şükür Abadyñ ýüzüne seredip, Maraly görkezdi:
– Bu gelni men welaýat derejesindäki ”milli baýlyk” diýip yglan
edýärin. Ony ýaman gözden, dilden goramak siziñ borjuñyz. Häzirlikçe meni diñe paýtagta gitmeliler gyzyklandyrýar. Onda näme... –
ol ýerinden turdy, – garañky gatlyşdy, göz baglandy, indi bizi agşamlyk edinmekden Allanyñ hut özi-de saklap bilmez!
Häkimler toplumy bilen banket otagyna geçdiler. Köşgüñ myhman
otagyndaky uzyn stoluñ üstünde düzlen ir-iýmişler, owadan içgiler
159
işdämen agyzlara garaşyp, gymmatbaha şemdanlardaky şemleriñ
intim ýagtysyna bulduraşýardylar. Hyzmatkär gelin-gyzlar häkimleriñ her bir islegini bitirmäge kaýyl, daşlarynda hozanak, folklorçylar
özlerine timar bermek bilen meşgul. Stollaryñ başyna geçilen badyna
Hojam Şükür öñden gelýän adata görä bulguryny rus aragyndan
püre-pürläp, bokurdagyny arçady.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ täze Köşgünde öñdebaryjy halk wekilleri bilen ilkinji duşuşygymyzyñ şanyna bulgurlary götereliñ!
Häkimler biragyzdan:
– Halk! Watan! Jenap ýoldaş Prezident! – diýşip, joşgunly seslendiler.
Arakly bulgurlar bir zarbada boşady.
– Täze Köşgüñ synag açylyş dabarasyna halkymyzyñ iñ öñdebaryjy
wekilleri – folklorçylar we datly iýmitleri taýynlamagyñ ussatlary
gatnaşýarlar. Çarwa obasy bu hormata öz päk zähmeti bilen mynasyp
boldy. Oba zähmetkeşleri diñe bir işde däl, eýsem ümsümlikde-de,
çeper höwesjeñlikde-de, bütin ýurdumyza görelde. Görübilmedigiñ
gözi çyksyn!
Inçejik gara galstuklylaryñ öñbaşçysy stoluñ garañky çetinde derrew dim-dik boldy.
– Buýruk ýerine ýetiriler!
Ol öz nökerlerini yzyna tirkäp, gara pişik ýaly, garañkylyga siñip
gitdi.
Wagt gijikdigiçe folklor tansynyñ lezzeti artýardy. Häkimler iýgiiçgiden bizar bolup, gitdigiçe sungata ýakynlaşýardylar. Welaýat
häkimi-de gelin-gyzlaryñ tanslaryna gözlerini süzüp, örän inçe
duýgy bilen tomaşa edýärdi. Gyzlaryñ käbiri näzik biline agram berip, tä saçlary nagyşly tagta pola ýazylýança arkan gaýyşyp, öz ussatlygyny görkezse, beýlekisi daraklygynyñ ujyna galyp, guw ýörüşini
edýärdi, ýene biri eginlerini silkip, näzik göwüslerini titredip, kelläñi
dumanladýan içgilerden duýgulary inçele-inçele halys üzlere gelen
häkimleriñ sabryny suw edýärdi. Meýlis tä gije ýaryma deñeç dowam etdi. Ahyry welaýat häkiminiñ bu görnüşden ýadandygy bildirdi. Edil şol wagtam oba müdiri kölege ýaly, onuñ üstüne abandy.
– Halkyñ iñ öñdebaryjy wekilleriniñ biri, guýmagursak folklorçy
Enar ukybyny siziñ hut özüñiziñ synap görmegiñizi isleýär. Ol özü160
niñ paýtagta iberiljek milli baýlygyñ içine düşendigi üçin size minnetdarlyk bildirmek isleýär...
Hojam Şükür ör-gökden geldi:
– Ýok, ýok, bu mümkin däl! Meniñ işim başymdan agdyk, saýlawlar ýetip gelýär, syýasy ýagdaý çylşyrymly we şuña meñzeşler...
Kesekiniñ mülküne girmek… ýok, ýok, meniñ wagtym gyzyldan
gymmatly, men beýle töwekgelçilige baş goşup bilmerin!
– Bu biziñ obamyzyñ gelejegi üçin möhüm. Onsoñam biz jenap
ýoldaş Prezidenti ýörelmedik ýoldan ýöredip, halkyñ ykbalyny terezä salyp bilmeris, düşüniñ...
– Elbetde, Watana we jenap ýoldaş Prezidente söýgimiz bizi köp
zada borçly edýär. Kadrlary içgin gözden geçirmek – biziñ jana-jan
borjumyz. Üstesine-de welaýatyñ abraýy… Dogrusyny aýtsam, men
Çarwany tüýs ýürekden söýýärin, bu oba uç-gyraksyz mümkinçilikleriñ başlanýan ýeri. Şol sebäbe görä-de, men elimden gelenini etmäge taýýar, synanyşyp göreýin...
Welaýat häkimi uzak eglenmän, etrap häkimlerini alyp, daşaryk
gezelenje çykdy. Olar täze Köşgüñ töwereginde gezim etdiler.
Gaýdyp gelenlerinde, Hojam Şükür golastylaryny Köşgüñ töwereginde saklaw goýup, özi apañ-apañ basyp, içerik girdi. Bu wagt ýañadandan hökgülere öwrülen häkimler, hamana otyrýerlerini gaşajak
ýaly edip, çermeklerinden aşak balaklarynyñ içine sokupçykaranlarynda, ellerinde suw ýaly kalaşnikow awtomatlary peýda
boldy. Şonda ýylan olaryñ syrtyndan aşaklygyna balaklaryny gallagdyryp duran zatlaryñ guýruk däl ekendigini görüp galdy. Bu wagt
elindäki haşamly şemdany içki otagdaky belent tekjede goýup, otluçöpi çyzan Abat gymmatbaha agaç sekiniñ üstündäki ykyrdaýan
düşege düşbi göz aýlap, edep bilen gapydan çykdy. Folklorçy gyz
Enar garşydaky gapydan läle kakyp çykdy-da, şahsy gözdengeçirilişiñ bolmaly otagyna ýöneldi. Ýaş folklorçynyñ tolgunmakdan ýaña
endireýän sesi çetki alagarañky otaga siñip gidende, öz gözleriniñ
jadysyna düşen torgaýlary ýuwudanda olaryń näzik saýraýyşlary göz
öñne gelip, oba oba müdiri ýogyn gultundy. Onsoñ ol ”ýatmankam
gezmelejek” bahanasy bilen birsalymdan edil ýagdan gyl sogrulan
ýaly bolup, tamyñ gapysynda we çüñklerinde sömelişip duran häkimlerden arany açdy. Oba müdiriniñ garañkylyga siñenine kän wagt
geçmänkä-de, tamyñ arkasyndan gelen äpet Kepjebaş çalaja açylyp
161
goýlan aýnadan içerik kellesini sokup, diñşirgendi. Şonda ol ölümtik
ýagtyda ýaş gyzy dyzynyñ üstünde oturdyp läle kakdyrýan welaýat
häkimini gördi. Munuñ oña niçiksi täsir edendigini güýçli ýele uçran
ösümlik kimin galdyraýyşyndan-da bilse boljakdy. Ýylan haýal etmän otagyñ içine sallanyp düşdi-de, ýatylýan sekiniñ aşagyna süýşenekläp girdi. Ýene-de diñşirgendi. Gyzyñ sesi gitdigiçe inçelýärdi.
Ol muny folklorçynyñ egninde geýim-gejiminiñ ýeñleýändiginden
gördi. Olar solan güýz ýapraklary ýaly aýak astyna sanma-san
gaçýardylar. Welaýat häkimi-de yssa çydamsyz bolup çykdy, onuñ
gylly aýaklary basym Kepjebaşyñ burnuny gyjyndyrdy. Gyzyñ sesiniñ endiremesi ýylanyñ ynjalygyny aldy. Täze keteniniñ bozgunç
ysyndan basylan Kepjebaş ýatylýan sekiniñ beýleki tarapyndan çykyp, başyny ýokary galdyrdy. Bu wagt halk döredijiliginiñ sözleri
gutaryp, diñe tolgundyryjy äheñi galypdy, ”indi bir çakdyr” diýip, ol
şemiñ ýagtysy düşýän ýere golaýlaman, aýaguçdan alkymyny ýokaryk göterdi. Gözüne ilen görnüş Kepjebaşyñ ynjalygyny gaçyrdy,
aýratynam welaýat häkiminiñ tüýlek bedeni onuñ gaharyny getirdi.
Onsoñ ol öñki niýetini üýtgedip, gyzyñ däl-de, tasdan erkegiñ teninden agyz urupdy. Ýylana özüne erk etmek añsat düşmedi, ýöne ol
janyny gul-gula salyp, bu otaga nämüçin aralaşanyny-da undup bilmedi we şonuñ üçin-de uzak eglenmän, ötegçiniñ aýagynyñ aşagyna
togarlanan bigünä ak ýumurtga kimin düýrlenip ýatan gyzyñ näzik
ak budundan agyz urdy. Gyz tenine köz basylan ýaly çirkin ses edip,
syçrap turanda, Kepjebaş eýýäm garañkylyga garyşyp, açyk aýnadan
güm bolup barýardy...
Tomsuñ başynyñ sergin gijesi. Kepjebaş dik depesindäki öz gözlerine meñzeş sowuk ýyldyzlara owsunyp, bir silkindi-de, şol duran
ýerinde gaýtadan oba müdürine öwrüldi. Soñra çaltlyk bilen tamyñ
daşyndan öwrülip, gapydan geldi. Saklawda duran häkimler bu wagt
duýdansyz çykan çirkin sesden aljyrap, sazanaklaşýardylar. Olaryñ
ýanyndan ketenilerini şowurdadyp, daşlaşyp barýan folklorçylar
bolsa, gyssagara içki geýimlerini düzedişdirmek bilen başagaýdylar.
– Näme boldy? Ýañky ses näme? – diýip, Musa Çöli añyrdan gelşine uly alada bilen howpurgap sorady.
– Bilmedik... – diýşip, häkimler çermeklerini çekdiler. – Bir zad-a
boldy, ýöne nämedigini bilemzok.
162
Müdir olaryñ deñinde eglenmän, jaýa urduryp girdi-de, içki otagyñ
gapysyny bat bilen özüne dartdy. Ylgap baryp, düşegiñ üstünde urnup ýatan gyzy gujagyna aldy.
– Gyza näme boldy? Bu görgülijigiñ näme ýazygy bardy?! – diýip,
ol hamana adatdan daşary aljyranyñ sypatyna girdi. – Kömek ediñ!
Gyz demini sanap barýar, wah, bu öljek-le! – ol öz eşiklerini gözläp
hars urýan welaýat häkimine adatdakysyndan has merdem ýüzlendi:
– Hany bu görgüliniñ içki geýimleri?
– Ýerdedir, aşakda... – haýýaty göçen Hojam Şükür topulyp geldi. –
Ýok, bu meniñki... Gyzyñky, bu taýda, ynha, al!
Zäheriñ güýjünden beter gorkudan ysgyny gaçan gyzy gujagynda
saklap durşuna Musa Çöli jaý ýerinde ýalynjañlyk etmegi-de ýadyndan çykarmady.
– Hojam Ş-şükürowiç, gyzyñ ýagdaýy agyr, özi-de, ýalñyşmaýan
bolsam, bu gyz jenap ýoldaş Prezidentiñ öñünde läle kakmaly gyzdy.
Serediñ, eýýäm onuñ agzy köpükläp ugrady... Bu betbagtçylygyñ
edil saýlawlar bilen gabat gelşini diýsene! Edilen işiñ üstüni basyrjak
bolsam, men indi obadan bir ädim-de çykyp bilmen, ýöne meniñ
Ýurt mejlisine deputat saýlanmak höwesim güýçli. Sebäbi, özüñiz
bilýäñiz, gyz ýerden ýeke çykan däl, ejesi, kakasy bar, dogangaryndaşlary... Obaçylykda gep-gürrüñ diýibem bir zat bardyr, ynha
görseñ, bu erbet habar eýýäm paýtagtdan çykar! Meniñ işli boljagym
görnüp dur. Deputatlyk meselesi çalt çözülmese, men iki işe birden
ýetişmerin, gyz ardurja heläk bolar...
Gyssagarada kemerini iñ soñky gözegine deñeç çekdiren Hojam
Şükürowiç garnynyñ hamyny gapjadyp, awundy. Sesi azarly çykdy.
– Sen şuny alyp çyk, eşitdiñmi! Men şu minudyñ özünde ”Folklorçy gyz Enary ýylan çakmak meselesi” boýunça welaýat komissiýasyny döredip, seni-de onuñ başlygy belleýärin.
– Ýok – diýip, Musa başyny ýaýkady, – ýylan däl, ony ”möý” diýip
belläñ, owalam möýler kän, ýylanlar az...
– Al! – Hojam Şükür goltuk jübüsinden möhürli kagyz çykaryp,
Musanyñ eline berdi. – Meseläni çözüldi bil!
– Ýöne Ýurt mejlisinedir, ýoldaş Hojam Şükürowiç...
Welaýat häkimi ”işini gyssagda bitirýän” bu adama gorkuly gözlerini alartdy.
163
– Ýurt deputatlaryny jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi belleýär. Oña
meniñ erkim ýetmez.
– Bu ýurtda deputat saýlanyşy şeýle bir garañky welin, eger-eger
okumyş ýylan bolubam onuñ düýbüne ýeter ýaly däl. Eýsem welaýatyñ Ýurt mejlisinde iki-ýeke deputatlyk orny ýokmudyr?
– Meniñ diñe öz ýerim bar – Hojam Şükürowiç nalady. – Şolam
gije-gündiz hallan atyp dur.
– Şol maña bolar. Siz her ugra öz başyñyzy çararsyñyz diýip, umyt
edýärin. Ýeriñ-suwuñ tabyny aýylganç gowy bilýän daýhan hökmünde siz meni öz ýeriñize deputat görkezseñiz, tüýs jüpüne düşjek.
Ikimiziñ başga çykalgamyz ýok: ne siziñ, ne-de meniñ... – Musa çüw
ýalañaç gyzy elinde göterip durşuna, örän edepli seslendi. – Atalyk
aladañyz üçin öñünden minnetdar. Sizden ýakyn hossarymyñ ýokdugyny men, dogrusy, öñem añýardym.
Alagaryñkynyñ içinde aljyraññy nazary Musanyñ aşa sowuk gözleri
bilen çaknyşanda, welaýat häkimi eşigini geýensoñam, özüni çüw
ýalañaç duýdy, öz duran ýerinden gorkdy, bu ýerden çaltrak göterilmek bilen boldy. Etrap häkimleri onuñ yzyny eýerdiler. Bary-ýogy
dem salymdan gumuñ etegindäki Köşk dym-dyrslyga gark boldy.
– Bas gatyrak! – diýip, olaryñ yz ýanyndan maşyna aýagyny atan
Musa Çöli Şala höküm etdi. – Muña baryp, çaltrajyk mör-möjegiñ
garşysyna urulýan sanjymy etdirmeli, biçäre gyz... – şol barmana-da
ol: – Dur! – diýip gygyrdy. – Kim ol jaýyñ daşynda köw urup ýören?! – ulagdan ýüzüniñ ugruna böküp düşen müdir garañkylyga
siñdi, soñam az wagtdan haşlap, yzyna geldi. – Sür! Ýetdirmedi,
gaçdy, kümsük möý!
Garañkylyga çümüp barýan täze Köşk şemli aýna gözlerini serik
galan gapydan urýan ötegçi şemala gorkuly gyrpyldatdy. Seleñläp
oturan garawulhananyñ gapysy açyldy. Goja Mäşirik töweregine
ätiýaçly garanyp, beýik sekiden syrylyp aşak düşdi, gözlerini töwereginden aýyrman, üsti ir-iýmiş galyndyly stoluñ başyna geçdi.
Düýpleri gowşan saññy dişleri bilen sowap galan ýumry-ýumry çişlikleri çekeledi. Agzy açyk arakly çüýşeden öñündäki bulgury pürepürläp, bulguryñ daşyny ysgaşdyrdy...
Pişik basyşyny edip gojany yzarlap gelen Maral bu bolşy görüp,
gorky bilen yzyna öwrüldi. Aşhana girip, içinden berk gulplady,
düşnüksiz duýgulardan ýaña galpyldady. Golaý-goltumda adam ýok,
164
ümsümlik. Ol halys ýekesiräp, gumuñ içinden çykýan şagal seslerinden öz ýüregine teselli agtardy, nähilidir bir ýakymsyzlyga garaşdy.
Ýakymsyzlyk başlananda, gije ýarymdan agyp, garawul goja-da bu
wagt bireýýäm agzyny dik ýokaryk tutup, dünýäden habarsyz horlap
ýatyrdy. Çölüñ içinde başlanan galagoplugy duýup Maral ilki aşhanada bukuljak boldy, emma munuñ bilen gutulmajagyny bilip, daş
çykdy-da, köwüşlerini eline alyp, oba garşy ýazzyny berdi.
Onuñ yzynda galan çölde ilki çöp-çalamlar gozgalañ tapdy, sazakselinleriñ bulanmasy artdygyça, güýçli tüweleýiñ golaýlaýandygy
bildirdi. Uzak garaşdyrman, gara gije gara heleýe dönüp, sykylyk
atdy. Çölüñ eteginde gömelteý ýagtylýan öýuñ daşyndan küpürsäp
goşa öwrüm eden tüweleý ak mermer Köşgüñ bosagasyndan aýal
sypatynda seýkin basyp girdi.
– Geldiñmi, meniñ bedenimiñ guwanjy? – häliden bäri bu hadysa
ynjalyksyz garaşyp oturan Musa Çöli syçrap, onuñ garşysyndan turdy.
– Elbetde, meniñ ýüregimiñ gizlin syry...
– Oba müdiri onuñ daşyndan, suwlunyp, birnäçe gezek öwrüldi,
gapa baryp, daşaryk diñ saldy, ýene-de yzyna dolandy. Topulyp gelip, Abady garsa gujaklasam diýdi, ýöne yza tesdi. Soñra ýene öñe
topuldy, ýene yza tesdi. Bu ýagdaý birnäçe öwre gaýtalanansoñ, oba
müdiri belent heñden tutdy.
OBA MÜDIRI:
Gijegözel! Tüm lälesi!
Aşygam, gorkaram senden.
Haýwan alasy daşynda,
Içinde adam alasy...
Çolaşaly, çyrmaşaly,
Bilmerin, nedir hilesi,
Aýdyñlar, habarlaşaly!
ABAT:
Geldim. Aç gujagyñ, ýarym!
Yşkym öz erkime goýmaz.
Terk etdim öýüm-öwzarym,
Ýara suwsan wepa diýmez.
165
Durmuş ne çyn, ne-de oýun.
Sowuk oduña ýanaýyn,
Jadymyz jada goşaly!
OBA MÜDIRI:
Al öýmeli, gara bagtym,
Meniñ syrym ile ýaýma!
Çözsek söýgiñ dört amalyn,
Tüýsümiz üýtgeşik diýme.
Seniñ belañ görküñdedir,
Meniñ göwnüm bu gün sende,
Seniñ göwnüñ, gör, kimdedir?
ABAT:
Gel, ýar, meniñ göwnüm sende,
Gara gijeden ant içýän!
Hyjuwym durmady çende,
Sen ýylan bol, menem içýan.
Tenim ýere kölge salmaz,
Geçen ýolum adam bilmez,
Keýp-sapa meñ erkimdedir!
OBA MÜDIRI:
Men gyzgyn çölüñ perzendi,
Keç ykbalym – belaly ýar!
Tenim küýsegiñde ýandy,
Syrym açylar gorkym bar.
Gel bäri,
Sen kimiñ ýary?
Ah, güme gitsin-le bary,
Yşk öñünde durjak kim bar?
Ýarsyz maña giñ dünýä dar!
166
Olar ýañadandan tüweleýläp ýokary göterildiler-de, biribirine el berdiler. Daşyndan göreniñde, ömürlik birleşendirler
diýdirýän bu iki jynsyñ Köşgüñ içinde özleri aýlanýarmy ýa-da
Köşk bularyñ daşyndan aýlanýar – biler ýaly bolmady. Çolaşyp-çyrmaşyp, dünýäni unutdylar.
167
8. Tal Tagan
Tenine aralaşan gizlin söýginiñ-de, ownuk içigaraçylyklaryñ-da
Musa Çölüniñ ganyny gyzdyrardan, tutan ýolundan ünsüni sowardan
ejiz gelýändigini Býuro agzalarynyñ içinden ilki bolup añan Tal Tagandy. Folklorçy Enarly mesele çözlüp, saýlawlardan adynyñ öçürilendigini bilen güni Çarwanyñ müdiri, hamana hiç zat bolmadyk
ýaly, Tal Taganyñ ýanyna eli ullakan gül desseli geldi.
– Meniñ paýtagtda salkyn kabinetde oturmaga wagtymyñ bolmajagyny ozalam bilýärdim… – ol gürrüñi daşdan aýlady. – Gowaça
kadaly boý almaly, oña dökün dökmeli, wagtynda suw bermeli, otamaly, ýekelemeli, garaz, başaranyñ başyna! Ýagdaý ş-şeýlekä meniñ
saýlawlardan çetleşdirilmegim diñe maña däl, uly ile bähbitli. Bilmeli zadym: munuñ üçin kime minnetdar bolmalydygym...
Tal Tagan ýüregine howsala aralaşandygyny añdyrmazlyk üçin
sypaýy gülümsiredi.
– Dogrusyny aýtsam, soñky günlerde men birneme ýarawsyz: üsgürýän, işdäm ýok, endamym soka salnan ýaly, edil ýöne ýere siñip
barýan. Şonuñ üçinem men bu dogruda hiç bir jähtden resmi pikir
ýöredip biljek däl. Saçagyñ başynda duşulsa – başga gep: onda pelsepe otarsa bolardy; pelsepe ýaşaýyşyñ bezegidir.
Agşam naharynyñ başynda kümüş dürtgüje tagamly mantyny ötürip, gaşlaryny çytyp uzak oýurganan Tal Tagan ahyry dil ýardy:
– Siziñ garşyñyza iş görýäniñ kimdigi dogruda men syrkaw halyma-da oýlanmaga synanyşdym. Garşylyk bardygy bildirýär: ol häkimiýetmikän? Gündogarda häkimiýet – diñe häkimiýet däldir, ol
maşgala agzasydyr, tüýnüge gonan gargadyr. Diýmek, biziñ hiç birimiz gije-gündiziñ dowamynda göz açyp-ýumasy salym-da häkimiýetiñ görgür gözlerinden sowlup bilmeris. Ýöne tut ýaly sag bolmasañ, bu pikiri ösdürmek kyn. Belki, ol bir adamdyr? Beýle bolsa,
onuñ boýunyñ uzynlygy näçe? Ynha, maña serediñ, meniñ boýum –
1,71; uzynmy ýa-da kelte? Netije çykarmaga howlukmañ! Bu bir
şeýle ýurt: boýy 1,69 bolan 1,68-iñ, 1,70-de – 1,69-yñ üstüne erbet
abanýar; 1,71 bolaýsañ, sen eýýäm gaty daýaw adam; şondan syrdamlykdan hudaý saklasyn, seniñ çet ýurtly ýa-da pitneçi hasap
168
edilmegiñ ahmal! Göýdük pälwanlaryñ ýurdy. Hiç kes öz boýuny iki
metrden pesdir öýdenok, ýöne haýsynyñ ýakasyndan tutsañ, syçanyñ
hinine sygjak… Hawa, men ýañy nirede galdym-a? Elbetde, ol adam
uzyn-da bolup biler, kelte-de, gowy-da bolup biler, erbet-de, ýöne bu
meselede esasy zat boýdur gylykmyka ýa-da partiýa degişlilik? Gönümden gelsem, meniñçe, ol adamynyñ hatda partiýa basgançagynyñ
haýsy derejesinde durany-da möhüm dälmikä diýýärin. Belki, möhümdir, ýöne bu möhümligiñ özi onuñ welaýat eýesi Hojam Şükürowiçiñ garyndaşlaryna degişlidigi ýa-da degişli däldigi ýaly bir
zatdyr diýip çak edýän. Eger ol garyndaş bolaýanda, näçinji arka:
doganmy? doganoglanmy? dolananmy? çykanmy ýa-da babadaş?
Dogrusyny aýtsañ, babadaşdan bärde-de ýiti garyndaşlyk gyt däl.
Ynha, meselem, Hojam Şüküroviç Şüküriñ aýalynyñ islendik garyndaşynyñ onuñ özüniñkilerden häkimiýete ileri bolup çykmagy ahmaldyr, asla şeýle bolmagy kadaly ýagdaýdyr: ”Aýalyñ hanjadan
bolsa, gel-gidiñ şonjadan” diýen nakyl durmuşydyr. Halk, elbetde,
bilmän bir zat aýtmaz. Halk diýmek, dogrusy, täsin zatdyr. Hawa,
halk barada biz asla näme bilýäris? – Tal Tagan pereñ konýagyndan
edil Parijiñ orruk ortasynda oturan dek birje gezek owurtlap, inçemik
agajet ýüzündäki owadan gyýma gara gaşlaryny bürüşdirdi. Elbetde,
onuñ sowaly jogapsyz galdy, sebäbi bular ýaly agyr sowala diñe
Býuro agzalarynyñ özi jogap berip biljekdi. Şonuñ üçinem Abat
bilen Nabat özlerine agram salmadylar. Okumyş ýylan-da bu meselede olardan kem oturmady, dymdy. Tal Tagan konýagyñ yzyndan
ýene-de bir enaýy bükülen mantyny ýukajyk dodaklarynyñ arasynda
gizläp, çagalykdan galan endigine görä, nepis gülli salfetkadan öñürti
eliniñ arkasy bilen agzyna süpürip, pelsepesini dowam etdi: – Hawa,
halk dogruda biz näme bilýäris? Ilki bilen aýtmaly zat: halkyñ ady
bar-da, özi ýok! Ikinji aýtmaly zat: onuñ nakyly bar-da, akyly ýok!
Ýöne eger kimdir biri men gep gelşirýändir öýtse, ýalñyşar, men
görýänimi aýdýan. Umuman, her adam öz ömründe iñ bolmanda bir
gezek çynyny aýdyp biler. Şondan artyk bolsa, kän bolýar, ony götermäge injik gerek. Ýagny, baldyr. Halkyñ iñ gowy görýän zady
güýmenjedir. Çöregini tapan güni. Bu barada köneki taryhçylaryñ
biri, meselem, şeýle diýipdir: işsiz kişi inegini oýnar! Ýöne indi döwür üýtgedi, onsoñ iñ bolmanda il ugruna halk nämedir bir zatlar
etmeli boljak, oña-da gurbat gerek, haýsydyr bir etsem-petsemiñ
169
bolmaly. Näme etjegini bilmedik, hergiz etmesiz işi eder, aljak galasy-da – juwaza salnan kör düýäniñ başarjagydyr; üstesine-de: kör
düýäni keseki biri sokur aýlawa salsa, halkyñ pirini kädä gabaýan
hergiz onuñ özüdir. Onsoñ ömrüni gözdañyly ýaşanyñ, ýagny, biziñ
mysalymyzda düýäniñ, belki-de düýe eýesiniñ-de, dañy aýrylan güni
nämäni görüp, nämäni görmejegi belli däl, ýöne olaryñ ikisine-de ýiti
ýagty bilen tüm garañky – bir çakdyr; aralyk reñkleri, öwüşginleri
seljermek kör düýäniñ we onuñ yzynda gezeniñ güýmenjesi däldir.
Bu – köre hasa. Emma hany dünýäniñ ajaýyp bezegi älemgoşar?
Gepiñ tümmek ýeri, biziñ halk diýýänimiz iki reñkiñ milletidir: gara
hem ak, ak hem gara, onuñ öweni – öküz, syndyrany – sygyrdyr!
Onsoñ, gadyrdan, beýle ýurtda ýaşaýyşyñ kyn boljagy güman etdirer. Siziñ ýeriñizde bolsam, men paýtagta aşmanyñ aladasyny ederdim.
– Wah, näsini aýdýañyz... – Musa Çöli ahmyr çekdi, – arman, biziñ
yrsgalymyz ozal-ebedinde çöle baglanan-da.
– Külli halkyñky şeýle. Siziñ öz içiñizden meni häzir pelsepe satmakda aýyplamagyñyz, muny datly içgileriñ güýjüdir öýtmegiñiz
bolup biljek zat, ýöne onda-da meniñ Musa Çölüniñ nämüçin Ýurt
mejlisine deputat saýlanmanlygyndan ugr alyp, birsellem pelsepe
otarasym gelmän duranok. Musa Çöli, siziñ öz pikiriñiz nähili, siz
näme sebäpden deputatlyga görkezilmediñiz?
Musa Çöli gözlerini tegeläp, eginlerini gysdy.
– Bilmedim. Belki, görüpçilikdendir?
– Ana! Ana! – Tal Tagan süýem barmagyny dik ýokaryk göterdi. –
Biziñ ilde görüpçilik beýleki islendik duýgulardan inçedir. Adamynyñ aýagyndan aslyşmak, güni gowynyñ gününi görübilmezlik, ýykylanyñ ýeñsesinden depmek, köneleñ aýdyşy ýaly: ”Hudaý urany
pygamber hasasy bilen dürtmek” – bular adamlaryñ köneden gelýän
söýgüli gylygydyr. Elbetde, il içinde ýagşyzada ýaly kişilerem bar,
olar döwri juda inçeden yzarlaýarlar, duýýarlar; meselem, Döwrüñ
depesindäki adam ”Ýagşylyklar” firmasyny açyp, atuwa alnyp barylýanlara firmanyñ hasabyna öz galamhakyndan gyşyna aýakgap,
tomsuna-da saýawan sowgat edýär. Giden – gitdi! Gör, nähili duýgur
ýürek! Başgaça pikirlenmegiñ ajaýyp resmi nusgasy! Ýöne, gadyrdan Musa Çöli, siziñ Ýurt mejlisine görkezilmezligiñiziñ müñ sebäbi
bar bolsa, olaryñ içinde görüpçilik – iñ soñkusydyr diýmekçi. –
170
Musa özünden bidin üşerildi. Tal Taganyñ konýakly bulgurynyñ
ýene-de dodaklaryna golaýlandygyny gören Abat bu agşamyñ özi
üçin öndümli boljakdygyny oýlanyp ýetişdi; emma Tal Tagan kän
içmedi, konýakdan edil derman owurtlan ýaly owurtlady. – Hawa...
men size ýene näme diýmeli? Meniñ çakym: siziñ häzirki şowsuzlygyñyzyñ düýp sebäbi ilkibaşdaky şowly başlangyjyñ netijesimikä
diýýärin. Hawa, hawa! Geñ galmañ! Siz biziñ jemgyetimize aþa
þowly girdiñiz! Çarwa ýylyñ başynda-da iñ yza galak obady, baryýogy üç aý geçip-geçmänkä-de, onuñ ady il gezip ýör! Çakym çak
bolsa, daşary ýurtlardan sürlenişip gelýän myhmanlara siziñ obañyzy
görkezmek üçin basym paýtagtdan bärik ýörite asfalt ýol çekilse
gerek. Diñe bu asfalt ýoluñ çykdaýjysynyñ özi-de döwletiñ býujetine
obañyzyñ berýän we geljekki ýüzýyllykda berip biljek girdejisinden
kän esse agdyk bolar diýen gümanym bar, çünki ol ýol paýtagtdan
gös-göni Çarwa obasyna hem soñra gumuñ ajaýyp gözelligine deñeç
baryp ýetmeli. Ol ýol gözelligiñ içine süsñäp girmeli! Gumdan näme
galjagy häzirlikçe belli däl, ýöne paýtagtly bilermenler ýurduñ islendik ýerini çöle öwürmegiñ añsat usulyny oýlap tapdylar, şonuñ üçinem biziñ halkymyzyñ çölsüz galmajagyna men kepil geçip biljek.
Onsoñ ol çölde mal bakarys, belki-de towuk saklarys. Towuga könekilerimiz ”Ýedi hazynañ biri” diýipdirler. Iýmlemän, yzyna düşüp
ýumurtgasyny çöpläp ýörmeli bolany üçin. Diýmek, towuklaryñ bizi
gyzyldan gömmegi üçin ýurtda ähli şertler eýýäm döredilen we olardan hakyky girdejini talap etmäge biz haklydyrys. Ýöne paýtagtyñ
özi birden Çarwa göçse nätjek? Men ony hökman göçer diýemok,
ýöne göçmezem diýip biljek däl. Beýle uly zatlaryñ hasabyny ýörederçe men kim bolupdyryn? Ýok, ýok, bu gülkünç! Meniñ akylymdan azaşmagym mümkin, ýöne ýurtda üýtgeşiklikleriñ boljakdygyny
syzýaryn. Jenap ýoldaş Prezidentiñ gadyryny bilmeýänleriñ ömrüniñ
üzül-kesil gysgaljakdygy bildirýär. Bu zatlar, elbetde, biziñ Watanymyzyñ geljegi; häzir esasy mesele, eger ýalñyşmaýan bolsam,
siziñ nämüçin Ýurt mejlisine deputat saýlanmandygyñyz hem onuñ
gizlin mehanizmi. Häzir... – Tal Tagan altyn sagadyna dykgatly seretdi, dodaklaryny müñküldedip, içinden hasap-hesip öwürdi, gözlerini ýumdy, – häzir, göreýin welin, edil birnäçe sagatdan ýurduñ iñ
ýokary edara ediş guramasynda hut jenap ýoldaş Prezidentiñ ýolbaşçylygynda... mümkin bolsa, ýeriñizden turmagyñyzy haýyş edýä171
rin! – Tal Tagan galstugyny düzedişdirip, saçagyñ bir gyrasynda,
onuñ üstüne abanyp, dik durdy, – Ýurtda çöllügi giñeltmek we ony
suwlulandyrmak boýunça möhüm Mejlis geñeşi başlanjak. Diýmek,
siziñ işeññirligiñiz bilen biziñ welaýatymyzyñ ykbaly-da çözlüp
biler. Eger Karar kabul edilse, şeýle boljakdygy-da, öñünden belli,
onda biziñ hemmämiziñ ykbalymyz indiden beýläk düýbünden başga
tekizlige geçer. Ýalñyşmaýan bolsam, bu dogruda orta mekdebiñ
geometriýa kitabynda şeýle diýilýärmikän öýdýän.
Musa Çöli, ol kitaby göýä özi ýazan ýaly, arkaýyn tassyklady.
– Elbetde, ol ýerde bu barada hut şeýle ýazlan.
Pikir ýöretmelerinden we pelsepesinden kem tapylmaýandygyny,
beýle kemçiligiñ asla bolup bilmejekdigini anyk bilýän ýaly, Tal
Tagan gürrüñini dowam etdi:
– Ýöne siziñ obañyzyñ, diýmek, biziñ welaýatymyzyñ şunuñ ýaly
aýdyñ geljegi bilen iki arada bir nämälimligiñ peýda bolandygy hak.
Gep ol nämälimligi döredýäniñ kimdigini bilmekde. Men ony güman
edýärin...
– Gulluşdyr! – Musa uzak saklanyp bilmän, batly-batly owsun atdy.
– Ýok, Gulluşyñ ölendigini indi hemme kişi bilýär, diýmek, bu –
inkär edip bolmajak fakt... – Tal Tagan çalaja ýylgyrdy ýa-da ýylgyrjak ýaly etdi, bu mälim bolman galdy, çünki buz ýaly konýak guýlan
bulgur derläni üçin gymmatbaha bulguryñ añrysyndan onuñ ýuka
dodaklary edil nepis eýran öýmesini ýaşynan gelniñ dodaklary kimin
çalaja sudur bolup göründi, bolsa-da onuñ gepi Musanyñ pikirine
garaýyşynyñ niçikdigine käbir aýdyñlygy bermänem durmady. –
Elbetde, merhumy düýpden aradan aýryp bolmaz, sebäbi her halda
biziñ ilde ölüniñ ýagdaýy, onuñ mümkinçilikleri we sylagy wezipesinden aýrylanyñkydan has gowudyr; onsoñam wezipe üçin adamynyñ ölensoñ-da gidişmegi ahmal. Gulluşyñ bu meselede özüne näçe
diýseñ tarapdar tapjagyny-da güman etmek mümkin; diýmek, ony
sowukganlylyk bilen öldüreniñ niçiksi ganygyzmalyk edendigini
añsa bolar… Ol wezipesinden aýrylan güni häzirkisinden has ölüdi.
Dirilerden ölüleriñ abraýynyñ we mümkinçiliginiñ has ýokarda
durýanlygyndan biziñ ilimiziñ ömürlik umumy betbagtlygy gelip
çykýar: hiç kimiñ öz wezipesini ýitiresi gelenok. Biz bütin il bolup
ýurdy ýitirmäge taýyn, emma ýurduñ bähbidi üçin aýry-aýrylykda
wezipesini ýitirmäge taýn kişi tapdyrmaz. Bu messep. Her halkyñ öz
172
messebi, elbetde, özüne ýaraýar. Garşydaşy mynasyp adamlaryñ
içinden tutunmaly. Ýöne size ”Gulluş” diýen duşman gerek bolsa,
biz edil şonuñ gürrüñini-de ederis, hany göreli, meniñ eý görýän
konýagymdan näçeräk galypdyr? kän däl! Ýöne gürrüñ dostaduşmana syrygan bolsa, onda gowusy rus aragyna geçeliñ! Diýmek,
Gulluş... Onda ölüni herekete getirýän gizlin prujinleriñ üstüni
açmak zerur: olar kimlerden ybarat? Belki-de, Gulluşyñ özi eýýäm
özgeleri herekete getirip biljek güýje öwrülendir? Ine, sorag! Emma,
megerem, biz bu hakynda entek oýlanyp ýetişen däldiris? Aslynda
biz köp zatlar hakynda oýlanyp ýetişemzok, netijede örän möhüm
zatlary duşumyzdan geçirýäs goýberýäris. Ine, meselem, siziñ şöhratyñ çür depesine barýan ýol bilen okgunly öñe gidişiñiz... Bu täsin.
Men bu barada kän oýlandym, emma añrysyna ýetip bilmän goýdum,
aslynda bu nämäniñ alamaty? Döwrüñmi? Syýasatyñmy? Ideologiýanyñmy? Haýsy duýdansyzlygyñ? Men käte özüme şeýle diýýärin: ”Tal Tagan, bu seniñ öz üstünligiñ ahbetin! ”Musa Çöli”
diýilýän şahsyeti döreden sen dälmi?” Emma munuñ şeýledigine
saña-da, maña-da gitdigiçe ynanmak kyn. Göwnüme bolmasa, siziñ
göbegeneñiz ýeke özüm däl, gapdalymda el görünýäne meñzeş, siziñ
üstünligiñiziñ gözbaşy görer gözden çuñda ýatyr... Kim bilýär, bu
pikir mende Hojam Şüküriñ hut özüniñ-de siziñ şöhrata barýan ýoluñyza böwet basyp bilmejegi dogrudaky oýlanmalaryndan soñ dörändir? Ol käte daşyndan oýlanmagy gowy görýär, ýöne köplenç içinden oýlanýar. Belki-de, bu meniñ hut özümiñ bahasy gara şaýylyk
akyl satmalarymdyr. Men, umuman, kiçigöwünli adam, öz pelsepelerime-de artyk baha kesmäm ýok.
– Ýok! – Musa Çöli syçrap ýerinden turdy. – Ýok! Heýem bir beýle
zatlary diýmek bolarmy! Siziñ pelsepeleriñiz meniñ üçin ş-ş-şeýle
eziz! Aslynda meniñ küýsegim pelsepe dälmi? Men indi ş-şu ýerde,
hut ş-şu sagadyñ özünde bir hakykata göz ýetirdim, ýagny men ilkibaşda herniçik gowy görsem-de, siziñ gymmatyñyza düýbünden göz
ýetirip bilmändirin. Siziñ häzirki pelsepeleriñiz meniñ gözümi açdy,
men size minnetdar, siz meniñ howandarym we arkadaýanjym,
hawa-hawa, bu sözleri diýmäge men utanamok, hiç haçanam utanmaryn, siz meniñ ýeke-täk hossarym, siz dünýädäki iñ rehimli adam!
Hakyky beýiklige men diñe siziñ kömegiñiz, siziñ goldawyñyz bilen
ýetip bilerin. Meniñ ýolbaşçylyk edýän hojalygymyñ ähli üstünlikleri
173
hut siziñ öz gudratyñyzdyr, olaryñ başga çeşmesi ýokdur, muny menem bilýän, ine, ş-şu oturanlaram. – Abat bilen Nabat deñje baş atyşyp, Musanyñ sözlerini tassykladylar. Musa dowam etdi: – Elbetde,
üstünlik tiz gazanylanda, ol keseden synlaýanlarda şübhe oýarýar we
käte onuñ gözbaşynda duranlary-da: ”Eýsem, meniñ ýeke özüm şşeýle uly işiñ hötdesinden geläýdimmikäm?” diýen gazaply pikiriñ
gujagyna iterýär. Meniñ ”gazaply” diýýänim: üstünlige we şöhrata
ýol açan adamynyñ öz eli, akyl-paýhasy bilen döreden gymmatlygyndan meýletin boýun gaçyrmak synanyşygydyr. Biziñ obamyza
gezek gelende, şübhe asla ýerliksiz, bu üstünlik diñe siziñ atalyk
aladañyzyñ netijesidir. – Musa öz damarlarynda sowap ýatan ganyñ
garşylygyny ýeñip, Tal Taganyñ gyzgyn gursagynda ýylçyr kellesini
goýdy. Býuronyñ agzasy öz ýetişdiren şahsynyñ selçeñ saçly ýylmanak kellesini atalyk duýgusy bilen sypalap, ”hany, bes, bes et!” diýen
manyda çalaja ýeñsesine kakyp goýberdi-de, uly bolup görünýän
kiçijik gözlerine biwagt inen atalyk gözýaşlaryny gury elýaglygyna
siñdirdi. Musa ýapbaşykdan süýrgült kellesini howandarynyñ döşünden adam kowmunda görülmedik tizlikde çekip aldy-da, çygjarmakdan, gyrpyldamakdan mahrum gözleriniñ ýalan çygyny süpürip,
dowam etdi: – Gulluş, elbetde, Gulluş! Meniñ gümanym güýçli!
Obada şondan başga meniñ garşyma gitjek kim bar: dirilermi? Bu
gülkünç. Haýp, men Gulluşyñ o dünýäde näme bilen meşguldygyny,
niçik güýçlere daýanýandygyny bilemok. Edil alahöwreniñ bar-da,
üstesine-de ol gömülgen dek gömelteý. Meniñ ondan ätiýajym uly.
– Munuñ şeýle bolmagy ahmal, – Tal Tagan sowan mantydan birini
gaýmaga ykjam basyp, gapdalynda gögerçin kimin galkyjaklap oturan Nabadyñ oýmakdan uly bolmadyk agzyna mylaýym zorluk bilen
dykdy, soñra oña barmaklaryny ýalatdy. Nabat mantyny ýuwudyp,
Tal Taganyñ agzyna añkardy. – Ýöne barybir bu ätiýaçdan size
peýda ýok, diriler bilen işleşmeli. Onsoñam siz ilkibaşdan arkañyzy
diremeli güýje dirändigiñizi unutmaly dälsiñiz, jenap ýoldaş Prezidentiñ meniñ ýanymda sarpasy belentdir... Men ýakyn wagtda siziñ
gözilginç ukybyñyz barada hut Lariniñ özüne giñişleýin habar bermeli.
– Siziñ saglygyñyzy hem rowaçlygyñyzy dileýärin! – Musa wepaly
haşyrdady.
Tal Tagan bu gezek açykdan-açyk ýylgyrmakdan çekinmedi.
174
– Meniñkini-de diläñ, özüñiziñkini-de. Çünki şöhrata barýan ýolda
görünýän hem görünmeýän belalar kändir, adamlaryñ arasyndaky
gatnaşyk her bir çakdan çylşyrymlydyr, ägälik günde gerek, gözsüzbatyrlyk – ýerinde. Suwa girip, gury çykmagyñ diñe birje usuly
bardyr, ol-da şoña laýyk eşigiñ bolmaly. Sansyz ýönekeýliklerden
emele gelýän çylşyrymlyklardan baş çykarmazdan, adamlary edara
etmek mümkin däl. Bu ýokary derejeli aladalar. Obada ornaşjak
adam, medeniýete daýanyp-da ösüp biler. Men size kän owadan sözleri aýdyp bilerin, emma iş gyzza-gyzza gelende, ondan kime nepaga
bar?! Horluga duçar bolmazdan öñ adam gözle, tapmadygyñ – işi
pyrryk. Adamzady ýok etjek bolýana-da adamlaryñ özüne bil baglamakdan gaýry çykalga ýokdur! Ýagny, gepiñ keltesi, adamynyñ
söwer dosty-da, ganym duşmany-da – onuñ öz ukybydyr. Göz
dikýäni-de – öz iñ soñky pellehanasy... – ol gözüniñ gyýtagyny Abada aýlan ýaly etdi. – Halys ýañra-da bolupdyryn, içigara... Çygrymdan çykan ýerimde özümi ýigrenýän. Ýagdaý şeýle. Ýöne pelsepe
otarmanam ýaşap bilemok, bu meniñ ömrümiñ manysy. Meselem,
halk döredijiligini alyp göreliñ, ol aýylganç ösýär, ösmelem. Ýöne
bu taýda folklor esasy zatmy ýa-da halkyñ güýmenjesi? Halky mumly ýüplüge öwürmek üçin onuñ öz ukybyny ulanman, eýsem kimiñkini ulanjak? Halkyñ özi öz hötdesinden gelmese, kim onuñ hötdesinden gelsin? Halky kökermek üçin ony böleklere bölmeli; biriniñ
hakyny beýlekisine iýdirmeli, şony başarsañ, seniñ üçin zerur daýanç
nokady emele gelýär, başarmasañ, dek oturanyñ ýagşy, oýna goşulma, güýçliniñ oýnuny synlap oñuber, zeýren, gybat et, garaz, günüñi
geçir; diñe bu oýnuñ kadasyna ökdeler ýokary derjeli döwlet wezipesine umyt edip bilerler. – Tal Tagan öz pikirini jemlemek bilen boldy: – Diýmek, biziñ bu agşamky eden ähli gürrüñimizden şeýle netije çykýar: siz deputat bellenmändigiñize gynanyp-da, gynanman-da
bilersiñiz, ol öz işiñiz, möhümi – munuñ üçin başga birini gynandyrjak bolmañ! Aslynda deputatlyk näme? Munuñ özi häkimiýete, häkimiýet bolsa, adamlaryñ üstünden ykrar edilen agalyga barýan ýoldur; ýöne unutmañ, adamlaryñ üstünden agalyk etmegiñ başga-da
ýoly gyt däldir, oýlanyñ, agtaryñ, gözläñ, belki-de size has inçe ýol
tapmak başardar? Tapmasañyz, onda diñe häkimiýet ugrundaky biwepalyklardan, dönükliklerden, intrigalardan, wagtlaýyn ýeñişlerden
we ömürlik lapykeçliklerden doly rehimsiz göreş ýoly galýar.
175
Adamlara erk etmek üçin her kes bir hili ýoly saýlaýar, akylly kişiler
gorkuly ýola aýagyny sekmezden-de öz päk maksadyna ýetip bilýärler. Olar adamlaryñ ýüregine barýan ýoly gözleýärler. Elbetde, bu
ýol diýseñ uzak we söz bilen beýan ederden inçe, kyýamatdaky rowaýaty gylsyrat köprüsinden ýöränden enaýy däl. Adamlaryñ esasy
köpçülginiñ bu inçe hem tükeniksiz uzak ýoldan gitmäge ne kanagady ýetjek, ne-de zehini. Bu ugurdan ýörän öz öñüni özi arçamaly,
taýyn ýol ýok, iliñ ýolundan ýöreseñ, ol diñe gitse-gelmeze eltip
biler. Onsoñ köpçülik üçin näme galýar? Elbetde, iñ giñ, torç edilen,
ýöne pellehana barýançañ ýagşyzada öwrülip ýetişerden has gysga
ýol – häkimiýete barýan ýol galýar. Köpçülik hut şony-da saýlap
alýar. Meselem, häzir deputatlygyñ gyzygy artdy, siziñ deputatlyga
dyrjaşmagyñyzda hiç hili geñ-tañlyk ýok, olar iliñ gözüne köp ilýärler, nämüçin? Sebäbi deputatlyk – bu häkimiýet, onuñ açyk görnüşi.
Jemgyýet indiden eýläk şonsuz ýaşap bilmejege meñzeýär; bu jähtden seredeniñ-de, siziñ ýagdaýyñyz umytsyz däl, dowla düşere aýratyn bir sebäp ýok, çünki ýurtda saýlawlar gün-günden köpelýär, biz
saýlawlary basym her bir maşgala elýeterli ederis! Tä çörek bolaýança saýlawlar bilen mydar etmeli bolmagymyz-da mümkin. Biz
onuñ inçe tilsimlerini ele almaly. Saýlawlaryñ üsti bilen köpçüligi
aññalak gapdyrmany öwrenmek – ine, biziñ öwrenmeli zadymyz!
Çünki geljek – saýlawlaryñky, şonuñ üçin-de, biz bu ugurda ýöriteleşmeli. Umuman, hemme zat gowy, oñat, örän oñat, hatda ajaýyp
diýseñ-de boljak! Gaýrat ediñ, ruhdan düşmäñ, siziñ ýoluñyza böwet
bolmaga synanyşýanlaryñ kimlerdigi barada men gizlin oýa çuññur
bataryn. Megerem, olaryñ meniñ azda-kände güman edýän, ýöne
siziñ güman edip bilmejek adamlaryñyzyñ hilinden bolup çykmagyda ähtimaldyr, bu taýda esasy zat – howsala düşmezlik hem öz syryñy wagtyndan öñ ýada-ýakyna paş etmezlik. Onsoñam, eger-de meniñ şübhäm hakykata ýakyn bolup, ol adamlar meniñ güman edýänlerimden bolup çyksalar, bar, aýdaly, ol bary-ýogy ýekeje adam bolaýanda-da, ne siziñ, ne-de meniñ oña çäräm ýeter. Bu mesele ýetjek
derejesine ýetip, ahyrsoñunda paýtagta barar we şol ýerde men ony
jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi bilen ikiçäk otyrkak, gepiñ gerdişine
görä, ýatlamaga çalşaryn; şeýlelikde, kim bilýär, meniñ bu meseläni
siziñ jan saglygyñyza täsir etmez ýaly derejede çözüp bilmegim-de
ahmal. Emma bilip goýuñ, munuñ özi örän-örän kyn işdir, siz entek
176
ýoluñyzy ýiti göreñzok, nämäniñ üstünden basandygyñyzy entek
menem bilemok, diñe güman edýärin... Bu jemgyetden çykmak edil
gireniñdäki ýaly añsat däldir, onsoñ Enaryñ ýurt Mejlisine deputat
saýlanmagyna begenmäbilseñ begenme!
Musa gaýdyşyn tozanly ýol bilen üsti brezent örtgüli ýeñil maşynyñ
üstünde keýerjekläp gelşine, içini gepletdi: ”Bu nähili beýle bolýar?
Tal Tagan kimi güman edýär? Men ony nädip bilmeli? Aýdyñ bolany ýekeje zat – meniñ ugruma çykýan kimem bolsa, ejiz kişi däl.
Ýagşy, goý, ol adam ejizem ekeni diýeli-dä, eger ahyr netijede men
ondan asgyn geljek bolsam, onda meniñ güýjümiñ niçesi bir pul?
Ýok, meniñ haýdan-haý işe girişmegim, aýagymyñ aşagyny gazýany
tapmagym gerek, belki, maña öñürtmek başardar? Belki, men diri
galaryn? Ah, meniñ nähili ýaşasym gelýär?! Men hatda adamlaryñ
arasynda ýaşamaga-da kaýyl!”
Musa gözlerini çarhlap, gumak ýola tiñkesini dikip oturan sürüjisine seretdi, içini gepletdi: bulara erk etmek ýeñil iş däl, ugran ugruñ
çarkandak. Ol öz ýaşlygyna dolanyp, bişen bugdaýlygyñ içindäki
bolçulykda Menekli bilen geçiren günlerini ýatlady, gussaly ýylgyrdy. Ýaşlyk – ýaşlyk bolýar-da, etjek alajyñ ýok, ýöne, goý, Şaly
Öwezli meselede özüni akja jüýje saýmasyn, munuñ bäbenegine
barmak bilen basmaly wagt geldi. Ýola gözlerini dikip, gazdaky
aýagyna agram berýän Şaly bu wagt durşy bilen gulaga öwrülipdi,
onuñ ullakan kellesinde häzir diñe gulaklary işleýärdi.
Musa öz başyndaky işleriñ gün-günden agralýandygyny
duýup, ynjalyksyz owsundy. Özüne ezýet berýän içki pikirlerini jemlemäge çalyşdy: ”Enary äre bermeli. Toý nusgalyk derejede tutulmaly – bu häzir oba müdiriniñ iñ möhüm syýasy wezipesi. – Enar ärli hem bagtly bolmaly, bu onuñ ene-atasynyñ
islegi. Bagtly hem ärli… – ýylan nägile hüñürdedi. – Eýsem-de
bolsa, diñe Azyýada bu mesele şeýle ýöntem goýlup bilner,
köneçil Azyýada! Äre çykan ilki bilen dok hem arkaýyn ýaşamaly, galany – her kimiñ öz düşünjesine görä. Eýsem, bu
dünýäde kim bagtly: adamlarmy ýa-da haýwanlar? Görmegeýlermi ýa-da görksüzler? Erkeklermi ýa-da aýallar? Durmuşa çykanlarmy ýa-da çykmadyklar? Haýsy biri? Belki, guşlar177
dyr? Elbetde, guşlar… – ýylanyñ mydama olara gözi giderdi,
şonuñ üçinem ikirjiñlenmezden, olaryñ bagtyny saýlap aldy: –
Olar uçup bilýärler, islän belentligine galyp, islän ýerine ýetip,
islän ýerinde-de gonýarlar. Olar el ýeterden uzakda, erkin.
Enar-da erkin bolmaly, munuñ üçin ony kime äre bermelidigini
ol bilýär. Enar gözilginç owadan, emma, haýp, görk bilen bagt
el tutuşyp gezmeýär. Eger gyzyñ mañlaýyna bagtly bolmak
däl-de, owadan bolmak ýazlan bolsa, şonda nätmeli?!.”
178
9. Kelte bazar
Kakabaý Garasöýmez-de bir wagtlar bagtly boljak bolup görüpdi. Ol
obadaky iñ görmegeý gyza aşyk boldy, nädip beýle bolanyny özi-de
bilmedi; dogrusy, özünden soralan bolsa, onda ätiýajy elden bermezdi, belki, ol gyzyñ golaýyna-da barmazdy. Emma betbagtlyk onuñ
özünden soraşman depesinden indi. Ol haçan iş-işden geçensoñ, nä
güne düşenini bilip galdy. Bir aýlawda ol şol gyzy görmese bir günde ýaşap bilmeýänini, ölüp-öçüp barýandygyny bilip galdy: ne işdä
bar, ne uky, ne-de ýaşamaga höwes. Ol Mejnuna dönüp, gyzyñ
yzynda selpedi, onuñ geçjek ýoluny saklady, iñ erbedi-de oña itden
beter ýigrenji, uly ile-de gülki boldy. Gyz oña ”barmysyñam?”
diýmedi, halys degnasyna degensoñam oña gysgadan düşnükli jogap
berdi: ”Öz deñiñi gözle, eşegem öz deñini gaşaýandyr!..” Bu jogaby
alan aşyk ýigit hut dälilik derejesine ýetdi, enesi pahyr gyzyñ yşgyndan sowaşdyrjak bolup, tebibiñ salgy beren emini edip, oña itiñ ýalagyndan suw içirdi; şonda ol ilki birki güñ guduzlan ýaly düwläp
gezdi, soñam señseläp, huk bolup oturdy, birnäçe hepdeläp ýeri-gögi
tanaman, samrap ýatdy, ölümiñ öýunde aýak üstüne galdy; ýöne
onuñ bu dünýä bilen arabaglanyşygy bozuldy, ol diñe bir ädini ýakan
görmegeý gyzdan däl, eýsem adamlardan başbitin sowaşdy, ýüreginde olara ýigrenç hem gorky duýgusy ornaşdy; enesi oglunyñ adam
sanyndan çykandygyny duýup, aglap öldi, ýöne ölmezinden öñ ogluny betbagt eden gyza erbet gargady, ”Müjerret ötesiñ!” diýdi. Ol gyz
müjerret ötmedi, ýöne bagtly-da bolmady, durmuşa çykan badyna,
entek toý ketenisi-de tozmanka, adamsy tamdan ýykylyp öldi-de,
suw ýaly bäbegi bilen ýeke galdy. Ol bäbek Maraldy. Ynha, indem
Öwez biwagt gidip, Maralam ýeke galdy; diýmek Kakabaý Garasöýmeziñ enesiniñ gargyşy olary galyndyranok. Kakabaý Garasöýmez muña indi begenjegini-de bilenok, gynanjagyny-da, onuñ
üçin indi haýsy bolanda-da tapawudy ýok, geçmiş ony gyzyklandyranok, onuñ ýadyna zeper ýetendigi bildirýär, ol hiç zady ýatlap bilenok, geçmişden nämedir bir zat, haýsydyr bir waka ýadyna düşäýende-de, onuñ üçin gynanyp ýa-da begenip duranok, ýene-de
derrew unudýar goýberýär.
179
Bu wagt ol obanyñ aladasy bilen gümra, gijesini gündiz edip ylgaýar. Musanyñ gyssagly suratda paýtagta gidip, goýnuñ böwrekleriniñ-de özüne galmagy tüýs jüpüne düşdi, ýogsam onuñ basym hatda aşgazanynyñ sandan çykmagy-da ahmaldy. Bu agyr işi ol atabraýa, şöhrada kowalaşyp däl-de, eýsem nähilidir bir islege boýun
bolup edýärdi, ýöne ol islegiñ nämedigini özi-de bilip baranokdy.
Belki, onuñ oba ýüregi awaýandyr? Dogrusy, awamazça däl, Musa
geleli rowaç alan Çarwa obasy Kakabaý Garasöýmez bolmasa, nädip
başyny çarasyn? Sebäbi müdiriñ indi oba eli degenok, ol iki günüñ
birinde ýolagçy: haçan obada, haçan paýtagtdadygyny diñe çak edip
oñmaly; şol sebäpdenem adamlar ätiýaçly: belanyñ haçan kimiñ depesinden injegini bilýän ýok. Gündiziñ günortany obanyñ edara
jaýyndan Gulluşyñ gök dalak edilen jesedi tapylansoñ, obada batyrlyk satyp biljek galmady, aslynda beýle adamynyñ bu taýda bolanlygy ozalam gümana, kim ýersiz ýere başyny kel-kelä soksun?
Garasöýmez häzirlikçe özi üçin iñ howpsuz işiñ ekiniñ aladasydygyny bildi. Onsoñ ol tüp yssyda aýlanyp, çekimlerde ýygnak geçirdi.
Ýokardan tabşyryk şeýle: jenap ýoldaş Prezidentdir Býuro daýhanlary jandan ileri görýär, diýmek, gowaçany jandan ileri görmek –
daýhanlaryñ borjy. Garasöýmez muny agrotehnikanyñ diline geçirdi:
”Iýul aýynyñ ahyryna deñeç gowaça üç-dört gezek suwarylmadyk,
hatar aralary dört-bäş gezekden bejerilmedik, iki gezek otalmadyk
bolsa, onda bu barypýatan jenaýat. Kadaly ösen gowaçanyñ her
düýbünde bu güne çenli hasyl berjek onbäş-onalty şaha, her şahadada bäş-alty goza bolmaly.” Ol öz çykyşyny çekimleriñ hemmesinde
iñ täze çagyryş bilen gutardy: ”Ýaşasyn, jenap ýoldaş Prezident,
Býuro we himiki dökünler!”
Agrotehnikanyñ kadalaryny Býuronyñ kesgitlenýändigini duýduranda, daýhanlaryñ begenjiniñ çägi bolmady. Onsoñ ol çürtümi iýulyñ ahyryna deñeç geçiren öñdebaryjy brigadalara göçme ýaşyl, ýaşyly ýetmediklere köneden galan gyzyl baýdajyklary paýlaşdyrdy.
Adamlaryñ ony almak höwesi baýdajyklaryñ ätiýaçlyk sanyndan
artyk geldi, şonda ol öz burnuny süpürýän elýaglygyna çenli reñke
boýap, çöpe dürtüp, iki brigada şärikli gowşuryp gaýtdy. Zähmetkeşler görnetin ruhlandylar. Onuñ gelerine biri birinden sabyrsyz garaşýan daýhanlar, her bir sözüni eşitgir gulaga öwrülip diñlediler;
gojalar, kempirler gözlerine ýaş aýladylar, çünki ir wagtdan bäri
180
beýle ýürekdeş gürrüñi eşitmändirler; çekimden çekime aýlanyp, ähli
ýerde günortan çykyş etmäge ýetişen Garasöýmez kabinetine gaýdyp
gelensoñ, derrew ertiriñ aladasyna ulaşdy: ertesi kelte bazar günüdi...
Bazarda ol ony-muny iýip-içer, göwnüni açar, Şemşatdan habar
bilmegi mümkin. Aman ikisiniñ bolşuna nähili düşünmeli? Garasöýmez nägile oýurgandy, hatda onuñ aşagyndaky ýumşak kürsüside jygyldap giden ýaly boldy; ol kürsüsine göz aýlady-da, pikir etdi:
eýsem, är-aýaly oñuşdyrmak onuñ işimi? Nämüçin oña bu ýumşy
buýurýarlar, näbelli. Aslynda olar nämüçin ýitirim boldular? Göräý
welin, bu ýerde bir garañkylyk bardyr, ahyrynda ýüp syrygyp, onuñ
boýnundan ilmese-de biri...
Ertesi bazaryñ içinde adaty perwaýsyzlygy bilen aýlanyp ýörkä, bu
pikir ony öz gününe goýmady. Garasöýmeziñ gözi bu gün şilliñ uzyn
aýallardady, olar azda-kände saryýagyz bolaýsalara-ha, bar, onsoñ!
Emma tä giç öýläne deñeç köw ursa-da ne Şemşada duşdy, ne-de
Amana, onsoñ ol lapykeç halda yzyna gaýtdy. Ýolda gelýärkä, Gökjäniñ deñine ýetende, hemişeki dymma hemrasy birdenkä oña sowal
berdi:
– Sen meñ ýumşumy bitirdiñmi?
– Nähili ýumuş? – duýdansyzlykdan ýaña allaniçigsi bolan Garasöýmez aksakgal goja garşy öwrüldi.
Şonda aksakgal goja ýaşajyk akja guzynyñ gözleri bilen öz gürrüñdeşiniñ bäbeneginiñ içine dikanlady-da:
– Birewe är ömründe işiñ düşse, olam bitmese, nätse bor?! – diýip,
uly ili bilen mäläp goýberdi-de, çatrykdan öwrüldi ötägitdi.
Onuñ hemişeki ýoly bilen tutduryp barýanyny gören Garasöýmez tä
goja gözden ýitinçä aýagy duşaklanan ýaly agzyny öweldip, özüni
gara dere basdyryp durdy, ol özüniñ garañky gorpuñ gyrasynda gezip ýörendigine ýene-de bir gezek göz ýetirdi; ynsan ýolundan sowlana Tañry ýolunda ýazylganlyk barmy?
Garasöýmez oba gelip, derrew öz kabinetini gyzyl-dörjük etdi:
heme zat öñki-öñkülikmikä? Belki, ol entek giç dälkä garañkydan
bäriligine gol atyp ýetişer? Ol obada Musanyñ ýagdaýynyñ gowşakdygyny çaklady, Çary-kitabyñ: ”El-aýagynyñ çoruny ýuwmak üçin
daýhanlara hepdede bir gün wagt bermeli” diýen ýönekeý çagyryşy
obada kök urup gidip otyr, jenap ýoldaş Prezidentiñ kuwwatly döwleti bir zatdan ýykylsa, irde-giçde bu ölüm howply düşnükli talapdan
181
ýykylar, emma Garasöýmezden özge entek muña üns berýän ýok,
haýp! Bu ýönekeý islegiñ döwletiñ edil emenjek çukuryndan urýandygyna düşünenoklar, halk bu ideýany köpçülikleýin goldap biler,
aýratynam ýaşlar; olar sabyny ölemen gowy görýärler, indiden eýläk
sabynsyz ýaşamak islänoklar. Ýaşlary köşeşdirmek üçin garrylaryñ
dili gerek, diýmek, obada aksakgallaryñ güýçli hereketini döretmeli,
olary sabyna garşy çykyş etdirmeli, munuñ üçin bolsa, olara bir tokgadan mugt sabyn paýlamaly bolar. Olaryñ söýdügi ýas, diýmek,
isleglerini bitirmeli bolar... Olary ýasdan kösemeli däl! Çary-kitabyñ
pikirdeşleriniñ hötdesinden gelmäge kanunyñ güýji ýetmedik güni
kanundan ýokarda duran güýjüñ gerek boljagy ikuçsyz: Azyýada bu
elmydama gojalar hem gojalan däp-dessurlardyr!
Garasöýmez özünden göwnühoş ýylgyrdy: ol döwlete gerekli adam,
Çarwada ýaşulularyñ Halk hereketini döreder. Birdenem ol sägindi,
soñra-da içini çekenini duýman galdy: gör, jenap ýoldaş Prezident
niçiksi öñdengörüji!
– Eý, garañky güýçleriñ hökümdary, özüñden medet! Bize pikir
etmek – haram! Biziñ tutan guşumyz gyzyletene bolup çykýar. Siz
ony birçak ütüp goýan!
Garasöýmez dyzanaklap bardy-da, seýfi açyp, ol ýerden öz generallyk lybasyny çykardy, ony bir laý egnine geýip, çüñkdäki aýnanyñ
öñünde eýlesine-beýlesine aýlandy, sag elini çekgesine ýetirdi, aýnanyñ bir çetinden ýüzüne sypaýy garap duran surat, onuñ harby tagzymyny oñlap, çuññur kanagatlanma bildirdi...
Obanyñ ykbaly onuñ elinde, indi diñe işläbermek galýar, onuñ
ömürboýy eden arzuwy – işlemek dälmidi näme? Iş diýeniñ her hili
bolýar, indi seredip görse, onuñ bütin ömri telli-pellide geçipdir,
suwytly ýetişen işi ýok, diýmek, ol bu çaka çenli öz aşygynyñ alçy
gopjak gününe garaşan ekeni; ine-de onuñ diýen güni geldi, ol indi
öz maksadyna ýeter; ýöne özüniñ näme maksadynyñ bardygyny
Kakabaý Garasöýmeziñ özi-de entek anyk bilenok, ol edil Aý
aýdyñda ukuly gözleri açyk gezip ýören ýaly: çala saýgardýan zatlaryñ sudury öñünde albaý bulap, ony yzyna düşürmäge jan edýär,
olam şol bulam-bujarlyga garşy erksiz ümzük atýar. Geçen ýoluna
göz aýlasa, giden garañkylyk, onda-da nämüçindir onuñ öz geçmişinden göwni hoş, adamlar oña mundan beýläk boýun egmäge taýyn,
şondan beter özüne nämedir bir zadyñ gerekdigine ol şübhelenýär,
182
yzy näme bolsa – şol bolsun; adamlardan ökde çykyp, olaryñ özüne
alaçsyz boýun egişini görüp ýaşamakdan hezil bu dünýäde onuñ üçin
näme bolup biler?! Aslyýetinde ol kim? Hiç kim. Garasöýmez. Indi
ol rowaç müdiriñ sag eli. Müdir oña ynanýar, ondan beter merk gerekmi? Bu ýöne bir ynam däl, doganlyk duýgusy, obada indi ondan
bidin çöp başy gymyldanok; Aman bilen Şemşatly meselede ol käbir
zada göz ýetirdi, iñ bärkisi, oña geñsi ýumuşlar buýrulýan bolsa, bu
ýöne ýere däldir; müdir ony ýanyna çagyrdy-da: ”Diñe saña
ynanýan, meniñ paýtagtlyk işim bar, şol ýerden gelýänçäm, nämäniñ
nämedigini belli et!” diýdi. Garasöýmezem kelte bazary elek-soky
etdi, emma işi şowuna bolmady, nätsin? Aslynda Amanyñ bu eden
işi Garasöýmeziñ özünem alada goýman duranok: aýalyna göz görkezjege çöl ne derkar? Ýöne bu ýerde garaşylmadyk bir syr ýatan
bolsa, şonda nätjek? Garasöýmez kabinetde ýeke özi galyp, ynjalyksyz oýlandy.
Müdiriñ gaýdyp gelmeli güni ertir ýa-da birigün, hatda onuñ şu
günem bir ýerden çykaýmagy ahmal, elbetde, paýtagta gidenligi
ugrunda bar bolsa... Garasöýmez töweregine ätiýaçly garady, onuñ
bilenem ynjalman, hasyrra ýerinden turup, oturan stolunyñ aşagyny,
bir burçda duran eşik şkafyny, alynky diwaryñ bir ganatyny uza
boýuna tutup duran dokumentli tekjeleriñ ilki aşagyny birin-birin
gözden geçirdi, käbiriniñ aşagyna kellesi sygman kösendi, kellesini
sokmasa-da, göwnüne jaý görmedi: deşik kän! Soñ ol şkaflaryñ içlerini hem birme-bir gapy-gapy açyşdyryp, birýandan barlap çykdy,
Hudaýa şükür, ýok ýaly... Hudaý ýadyna düşende, Garasöýmeziñ
süññi elendi, ol nätanyş bir ýaba giren ýaly, ondan akýanyñ suwmy
ýa nämedigini anyk bilmän boýlap barýanyñ duýgusyny başdan
geçirdi, özüniñ ätiýaçsýzlýk edýändigini kellesinde aýladý; onsoñ
ýene-de oturyp bilmedi, jaýyñ içinde ters aýlanyp ugrady, görnüşine
görä, her zat-da bolsa, jaýda ýeke özi ýaly?
Garasöýmez öz hojaýynynyñ sowuk gözleri ýadyna düşende ini
üşüdip, süññüni tutup bilmedi; ol Musadan häzire çenli ýeke gezegem öñ nirede pete-pet gabat gelendiklerini sorap görmäge milt etmedi, emma ol gözlerde uçursyz bir tanyşlyk bardy; jygyllyk bazary
giñ, galabalyk, düşnüksiz, onuñ mähellesem beýleki bazarlardan
parhly; Garasöýmeziñ öz göwnüne ýakyn, syrly hem garañky; egerde kimdir biri oña: ”Sen bazara gatnamañy goý, şonda ömrüñ ötinçä
183
iýjegiñ-içjegiñ menden...” diýäýse-de, ol oña näme diýjegini bilmezdi; belki ”bor” diýer, ýöne diýmezligi-de ýakyndyr; munuñ kimin
güýç ýetmez borjy boýnuna alaýsa-da, megerem, ol öz nebsewürliginiñ pidasy bolup, ýarym ýyla-da ýetmän, ýüregi ýarylyp ölse gerek?
Bazarda gören-eşideni oña ýaşamaga kuwwat, ýaşaýyşyna many
berýär, ol ýerde edilýän söwdanyñ öz gymmaty bar; eger-de kimdir
biri beýle däldir diýip, jedel etjek bolsa, Garasöýmez ol adamyny
itden beter ýigrenmäge taýýar, ýigrenmese-de, ondan öler ýaly gorkar: ýalany utanman-çekinmän gös-göni ýüzüñe aýdyp bilýänden
gorkaýmalydyr!
Ir döwürde bir gezek ol iki adamynyñ söwdasyna araçy boldy: bir
goja bilen ýaş ýigidiñ. Ýaş bolup, ol bu görülýän ýaş ýigitlerdenem
däl, belki-de, bu söwda baş goşmazdan öñ ol öz ýaşlygyny haýsydyr
bir çet ýurtda, meselem, Eýranda, Kawkazda ýa-da belki Russiýada
ýaşap geçirendir, çünki onuñ görnüşi diýseñ täsindi: bir görseñ, añryñy bäriñe getirýän gedem, bir görseñem, edil neresse çagañ bar-da:
ynanjañ, yñdyrma; onsoñ neneñ oña ýüregiñ awamasyn? Ýat ilde öz
ömrüni biweç geçirenleriñ haýsy biri ahyr ýaşda öz ildeşleriniñ ýüregini awatmaz?!
Ana, onsoñ ol ýaş ýigit öz gowy lybasyna buýsanyp, öz keşbine
hem ýap-ýañy çekgelerinden kümüş sepen, islendik hyrydarda ynam
oýaryp biljek salykatly keşbine bil baglap, ýaşuly kişiden onuñ satyp
oturan demir-dümürleriniñ hemmesini birden satyn almakçy boldy;
olaryñ söwdasy, megerem, örän uzaga çeken bolmaly, çünki Garasöýmez olaryñ arasynda peýda bolanda, olar eýýäm set müñ gezek el
urşup, set müñ gezegem ”sen aşak düş-de, sen ýokary galyñ!” töwereginde köwsarlana meñzeşdiler; Garasöýmez muny olaryñ, hamana,
köne tanyşlar ýaly biri-birine hoşamaý garaýyşlaryndan hem aşa
sypaýy äheñlerinden bildi, şonuñ üçinem: ”Hany, gel, Tañrynyñ
bendesi, sen biziñ söwdamyzda araçy bol!” diýenlerinde, munuñ
kimin hoşniýetli adamlaryñ raýyny ýykmagy özüne uslyp bilmän
ýanlaryna geldi-de, ikisini elleşdirip, üstünde öz gödeñsi elini goýdy:
”Sen-ä satdyñ, senem aldyñ; seniñ soranyñ munçady, seniñ diýeniñ
munça, senem haýryny gör, senem!” diýip, ol ikisini hoş etdi. Bular
bada-bat ”bolýar-da-bolýar” diýişdiler-de, yz ýanyndan öñki endiklerine görä, ikisi iki ýerden söwdalaryny bozarman boldular; Garasöýmez bulardan ara açarman bolup, gyrada çommalyşyp oturan
184
aksakgallaryñ hem ýañy sakgal goýberden demirçidir agaç ussalaryñ
uzyn hatarynyñ ugry bilen birki ädim urupdy; söwdanyñ ýañadandan
bozulandygyny añşyryp, ol daşlaşmanka ýene-de yzyna öwrüldi;
şonda ol bu alyjy bilen bu satyjyny beýle añsat oñuşdyryp bilmejegini duýdy, olaryñ arasynda has yhlasly durdy, netijede öz ýaşlygyny
gaýry ýurtlarda geçiren alyjy daşyndan seredeñde, bäş wagtyny sypdyrman namaz okaýandyr diýdirýän perişde sypat ak sakgally gojany
öz diýen ýerinden, bir depik gumy bilen durşuna satyn aldy-da, bahasyny boýnuna dakyp, yzyna tirkedi ötägitdi; ”Bu gojanyñ özi maña
harydyndan arzan düşjek!” diýip, nätanyş kişi töweregine it ýylgyryşyny etdi; şonda bazar mähellesi gojanyñ o diýen gymmadam däl
ekenligini görüp galdy; seredip otursalar, ony satyn almak üçin çet
ýurtly hökmanam däl ekeni, bu ilde-de oña gurby çatjak, meger, bir
ýa iki däldir. Gojanyñ harytlary onuñ gulakjynly oglunyñ eline
geçdi, ýöne ol öz atasyny çet ýurtlynyñ eline berip durka, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi, eger ol atasynyñ bahasyny sanap,
güýmenmedik bolsa, onda, Hudaý saklasyn, belki, onuñ bu çökder
hasratdan ýüregi çat açyp ölse-de ölerdi; atasyny ynjytmajak bolup,
onuñ idiljek tanapyny niçiksi ýumşakdan saýlap berendigini bir görsediñ, onda eger añrujy ýüregiñ daşdan bolaýmasa, gözüñ ýaşyny
saklamak mümkin däldi; onuñ eli syrtmakly kösenip elewreýşini
görenleriñ içinde bozulmadygy azdyr, birlän-ikilän bolaýmasa, asla
ýokduram; Kakabaý Garasöýmez beýle doñýüregiñ birini-de görüp
bilmedi; onsoñ gulakjynlynyñ ýüzüne ýiti-ýiti seredende, ol onuñ
gözlerinde kyrk ýaşlynyñ çemeçilligini hem-de ýaş ýigidiñ durmuşa
höwesini gördi: niçiksi adamlar, niçiksi söwda! Iki tarapam razy, iki
tarapam utdy, ýöne gaýgysy kesesinden synlany ýykjak!
Garasöýmez möññüribermekden zordan saklandy, onuñ bagry paralanyp, ýüregi elendi, ýöne çydady, çünki ol soñra adam şekilli iýipiçmeli, ukusyny almaly, mal otuny ýygmaga gitmeli; bazarda onuñ
gözi kän zat görýär, olar biri birinden söwdaýy, ýöne welin, içinde
onuñ ir bulanan gyýkmak gözlerinden ýaş dökdüreni ýok, çünki ol
bazar adamsy. Bazarda onuñ alkyş iýen gezegem, gargyş iýen gezegem kän, ýöne ondan aýagyny kesmek onuñ başarjak işi däl; anna
agşamsy geldigi, edil ýeñsesinden itilen ýaly ol ýere ýegdekläbermelidir.
185
Ýöne bütin ömri gatnasa-da, Garasöýmeziñ jygyldyk bazarynyñ
hemme syryny añşyryp bilmedigi aýdyñ. Ol bazaryñ syrlaryny ýetik
bilýän kişi aslynda barmykan beri? Elbetde, ak sakgallary döşüni
ýapyp duran gojalar, Garasöýmeziñ göwnüne, köp zatdan habarly
görünýärler, bu dünýäde olaryñ bilmedik syry bar diýseñ, kim ynansyn? Onsoñ bazarda eger biri utsa, şol gojalar utmaly, emma olaryñam çoçgara çolaşmagy bazarda başy gowgasyzyñ ýoklugynyñ alamaty dälmi näme? Eýsem, onuñ gözüniñ gören ýene bir gezeginde
hut şeýle bolmadymy? Goja söwdada lüt utuldy, jüllikgöten galdy,
ahyrsoñunda-da öz eli bilen sellesini boýnundan orap, bir ujuny alyjynyñ eline tutdurdy, ýöne entegem alyjy ynsaply bolup çykdy, ony
südenekledibermän, iki ädimden añyrda arkasyna hopba etdi ötägitdi.
Ana, onsoñ Garasöýmez bazarda adam söwdasyny eden ýaly boldy
galyberdi. Ýogsam, öz nyrhyny gojanyñ özi kesmedimi näme? Bazar
bakgaly-da, heý, öz bahasyny kesekä ynanarmy?
Garasöýmez şondan öñem, soñam iniñi digdiredýän gümürtik söwdalaryñ ençemesiniñ gözli şaýady bolup gördi. Bir gezegem ol, hemişekisi ýaly, öz keýpine bazaryñ içinde aýlanyp ýördi, çigit satanlaryñ deñinden geçse – gysymynda çigit, patrak satanlaryñ deñinden
geçse – patrak, bazarçy-da, garaz, agzy gäwüşsiz duranok; onýançada, ynha, bardy bir galmagalyñ üstünden: bir ýaş ýigit öñünde petdepetde edip üýşürip goýupdyr-da, gelene-geçene haýsydyr bir gazeti
mazamlap otyr, ýüregi ýuwkalardan iki-ýeke onuñ harydyny bahaladýanam ýok däl; onuñ söwdasy töweregindäki demirçileriñkiden
ýa-da bolmasa, deri eýleýänleriñkiden pes diýibem boljak däl, ol
alyjylar bilen çalaja çekeleşmäne-de ýaltananok; onsoñ ötegçileriñ iñ
bolmanda üçden biri ýa-da hatda gylla ýarysy hödürlenýän harytdan,
garaz, edinýär.
Gazet-jurnal Garasöýmeziñ ömründe hüýi alan zady däl, ol gazetleriñ özünden olar hakdaky myş-myşlary has gyzykly görýär; paýtagtda çykýan gazetleriñ biri hakynda ir wagtlar eşideni häzirem onuñ
ýadyndan çykanok; umuman gazetleriñ hemmesiniñ-de kimiñdir
biriniñ emri bilen çykýandygyny gürrüñ edýärler, ol adam bolsa,
gazetiñ puluna öz gylyksyz gaýnenesine kaşañ jaý gurdurýarmyş;
elbetde, ondan bäri är ömri geçdi, ol jaýyñ bireýýäm gurlup gutaran
bolmagy-da, ýa-da ol haýýar gaýnenäniñ birçak amanadyny tabşyryp, sakar dowzahyñ oduna gowrulyp ýatan bolmagy-da ahmal,
186
emma her halda Garasöýmeziñ göwnünde ilkibaşdan gazetler dogruda galan erbet güman öçüşenok, belki, onuñ göwnünde gögerip biljek ýeke-täk ekinem şoldur, ony kim bilýär, ýöne gümandan aýrylsa,
onuñ ýeriniñ düýpden hazlap ýatan boşluga dönmeginden eýmenýän
bolmagy-da ahmaldyr? Onsoñam ol adamynyñ gaýnenesiniñ jaýy
salnyp gutarany bilen, eýsem paýtagtda hemme gaýneneler jaýly
bolaýýarmyşmy? Ýogsa-da, ol gurluşyk gutaransoñ, yzyndan ýene
bir şonuñ ýaly çylkasyz köşgüñ düýbüniñ tutulmandygyna, gazetleriñ indiden eýläk öz erkine çykjakdygyna kim güwä geçip biler?
Onsoñ nämüçin alagedin Garasöýmeziñ gümany göwşüldäbermelimiş?
Ana, onsoñ Garasöýmez ýañky ýigidiñ harydynyñ bazarda alyjy
tapyşyna aşyk bolup, onuñ golaý-goltumynda az-kem köwlendi,
onýança-da ýene bir kişi gazet almaga geldi, ol geleniñ gara çynydy,
añyrdan gelşine: ”Getir bärik, maña iñ gowy gazetiñden birini!”
diýip, owadan balagynyñ jübüsine elini sokdy, asyl onsuzam onuñ
elinde eýýäm bir petde pul bardy, onuñ harydyñ puluny nagt etjekdigine ikirjiñlenmäge sebäp ýokdy, ýöne ýañky ýaş ýigit onuñ ýüzüne
aşakdan ýokaryk syrtaryp seretdi-de: ”Gazet gutardy, siziñ geljegiñizi men bilmändirin, agasy!” diýdi. Alyjy beýle adalatsyzlykdan ýaña
entek garrylyga ýanaşmadyk suwlañ ýüzüni naryñ reñkine boýady,
ol hatda gahardan hyrçyny dişläp, duran ýerinde ýylan dek towlandy;
alyjynyñ gahar-gazabyndan gorkan Garasöýmeziñ adamlaryñ arkasynda bukulasy geldi, ol şeýle-de etdi, çünki öz döreden harydyny
alyp bilmän, iki elini burnuna sokup galan ýaş ýigidiñ gazabyndan
gorkmazlyk gözsüzbatyrlykdy; diñe bir Garasöýmez däl, märekäniñ
içinde bu paşmadyk söwdadan çekinip, biri biriniñ arkasynda
bukulan başga-da az bolmady; alyjy ýigit bu zatlardan habarsyz,
ýaşytdaş satyjy bilen bar-ha beter gidişdi; oña ynansañ, hamana,
alyjynyñ ähli betbagtlygynda, bu oturan ýaş ýigit günälidi, täze gazetsiz galany üçin ol indi mundan beýläk näme edip, näme goýjagyny bilenokmyş, ugruny ýitirenmiş; onsoñ ol gazetçiniñ üstüne egildide, sag elini goltuk jübüsine sokup, dişini gyçyrdatdy: ”Men señ
bilen hasaplaşaryn!” Olaryñ töweregini gallap duran ötegçileriñ içinde içini çekenleri gytlyk etmedi, Garasöýmeziñem injigi saññyldady,
onuñ gan dökülenini göresi gelenokdy, gäbiniñ azmagyndan çekinýärdi; şol barmana märekede Çary-kitaba-da onuñ gözi kaklyşdy,
187
ol ýüzüni ak tam edip, halys näderini bilmän durana meñzeýärdi.
Ana, onsoñ bu sözi eşiden gazetçi-de: ”Gel bäri, hasaplaşsañ!” diýip,
sag elini goltuk jübüsine boýa-boý goýberdi; märekäniñ içindäki
aýal-ebtatlardan çirkin ses edip, arkan serpilenleri-de boldy; märeke
soñra wakanyñ yzyna kaýyllyk bilen tomaşa etdi; ellerini goltuk
jübülerinden yzyna çykaranlarynda, garşydaşlaryñ ikisiniñ gysymyda petde-petde pulludy; onsoñ olar dodaklaryny müñküldedip, hersi
öz puluny sanamaga oturdylar; baý, gidişdiler-ä! Ilki nagt pullar
sanaşyldy, onsoñ bankdaky hasap, onsoñ algy-bergi, dikleşik gutaranda, gazetçi ýüzüni sallady; gepiñ tümmek ýeri, gazet satyn almakçy bolan ýaş ýigit ahyr netijede gazetçiniñ özüni satyn alýandygyny yglan etdi; bazar mähellesi muny eşidip, ýeñillik bilen dem
aldy, adamlaryñ egninden gara daş aýrylança boldy, eýsem nähili
bolsun, ol ikisi ýakatutda girip, ganjaryşsa nätjek? Bu gümürtik söwdadan şundan başga nämä garaşyp boljak? Entegem olaryñ gökdäki
dilegi ýerde gowuşdy bilmeli. Ýöne mähelle näçe ýalbarsa-da, alyjy
öz harydynyñ boýnundan ýüp salmady, ol bazara eli zynjyrsyz gelipdir, belki şol sebäpli, belki-de onuñ üçinem däl-de, ýöne özüniñ ýerinden gelme sypaýylygy üçin, garaz, edil gadym wagtlarda edilişi
dek, ol öz harydynyñ elinden tutup, bazaryñ içi bilen ýöredi gidiberdi; bu wagt, daşyndan seredip, olaryñ haýsynyñ satlyk haryt, haýsynyñ-da haryt eýesidigini bilmek kyndy, hatda mümkinem däldi, olar
edil ekiz dogan ýa-da halys bagry badaşan dostlar ýaly deñ ýöreşip,
ýürekden gürrüñleşip, aram-aram biri biriniñ ýüzüne hoşamaý ýylgyryşyp barýardylar, diñe käýarym birazajyk yzdan barýan ýaş ýigit,
birazajyk öñden ýöräp barýanyñ rehimdarlygyny öwýärdi, elinden
tutup barýanyñ yzyny eýgermäge jan edýärdi.
Garasöýmez olaryñ yzyna garama-garama düşüp, tä bazar mähellesi
seýrekleýänçä ýöredi, soñra birden olaryñ gözlerine ilerin gorkusy
ony yzyna dolady, emma göwnüne bolmasa, barybir satyn alnan ýaş
ýigit Garasöýmeziñ yhlas bilen özlerini yzarlap gelşini gördi hem
oña nähilidir bir naýynjar yşaratlary etdi, ”meni halas et!” diýen ýaly
bir nyşan berdi, şonuñ üçinem Garasöýmez sylagy barka, gaýtadan
mähelläniñ içine özüni uranyny kem görmedi; ýedi ýada kömek etjek
diýip, kelläñi kel-kelä sokaýsañ nätjek? Bu ilde her kim öz başyny
çaranda azmy?
188
Bazaryñ içinde Garasöýmez özüni akar ýabyñ içindäki balyk kimin
erkana duýýar: hiç kim ondan hasabat soranok, habar gatanok, ýalñyşyp-beýleki edip habar gataýan ýerinde-de, ”aýlanmaga geldim”
ýogsa-da, ”ony-muny almak işim bar” diýäýmeli, onsoñ kimem bolsa, sowal beren ýoluñdan sowlar gider; adamlar, adatça, edil pete-pet
gelen tanyş ýüzden sen-men ýok ýüzüni sowup geçip gidibermäñ
alajyny tapman sorag berermen bolýarlar, emma welin, edil şol
adamlar günüñ ikindini ýa-da bolmasa, ertesi oña obada duşagedin
gaýtadan habar gatybermäge milt ediberenoklar, öñkije boluşlary,
onuñam öñki bolşy; aslynda kelte bazara onuñ çet obasyndan setanda-seýranda bolaýmasa, adam aýagy düşenok, olaryñ pikiriçe, kelte
bazaryñ söwdasy bärden gaýdýarmyş: gum adamlary-da! Kelte bazaryñ uzyn öwrümlerini, onda niçik söwdalaryñ edilipgoýulýandygyny bilenliginde, beýle boljakmy? Onda olaryñ uly
bazardan göwünleri geçmegem daş däldir, ýöne adamlar nämäniñ
nämedigini biljegem bolanoklar, köne endikleri bilen ýykmaýykylma gydyrdanmak olaryñ añrybaş käri.
Garasöýmez Musany ýöne ýerden hüýüniñ almandygyny bilýär,
onuñ öñünde bergisi bar bolsa bildiñmi? Ýöne ol ikisiniñ öñ ýoly
kesişdimikän? Belki, kelte bazarda demirçi ussalaryñ hataryny bile
syrandyrlar? Belki-de, olar kirşene gömlüp, ýol ýörändirler? Mysal
üçin, onuñ ýadyna şuña meñzeş bir waka düşýär... Bir döwürde nätanyş bir aksakgal kelte bazaryñ ýolunda görnerdi. Ýalñyşmasa, ol
Gökje obasynyñ deñinde yzyndan ýeterdi; Garasöýmez onuñ nireden
gelip, nirä ýitirim bolýanyny bilip bilmän geçdi, ýöne Tañrynyñ ýoly
olaryñ ikisini-de gitjek ýerine äkider, olaram uzak ýolda dilinden
aran ýolagçy dek, seslerini çykarman, kä ýanaşyk, kä tirkeşik ýöräp,
kelte bazara barardylar. Gaýdyşynam şeýle. Ýöne häzir ondan: ”Şol
goja kimdi? Haýsy obadandy?” diýip soralsa, jogap berip biljek gümany ýok, näbilsin? Olam bir Tañry bendesi, bendeligi çyn bolsa?
Ýöne onuñ hojaýyny – başga hörpden gopýana meñzeş. Ol ýene
oturan jaýynyñ içine gorkuly göz aýlady, müdiriñ paýtagtda däl-de,
belki, şu töwerekdedigini syzýan ýaly, ynjalykdan gaçdy; gorkusy
çuńlaţdygyça-da, onuń adamlara jyny atlandy, olary gyran-jyran
etmäge höwesi artdy. Müdir ony ýöne ýere ýaran edinenok, bu obada
adamlaryñ içini ondan gowy biljek kim bar? Gowy tanany üçin dälmi onuñ hergiz adamlardan çeke durany? Ýöne Kakabaý Gara189
söýmezi müdiriñ holtumyna iterýän düşnüksiz güýç näme? Hernäçe
urunsa-da, oña bu syryñ düýbüne ýetme ýok, onuñky diñe añtamak,
şübhe, güman... Onsoñ neneñ ejizlemesin, ýöwsellemesin?! Adamlar
nämä düşünmeseler, şondan gorkýarlar, boýun egýärler. Düşünen
zatlaryna garşylyk görkezýärler. Diýmek, Garasöýmeziñ adamdan
tapawutly ýeri ýok-da?
Onuñ özi üçinem geñ, ýöne Garasöýmez hiç ýerde özüni bazardaky
ýaly arkaýyn duýanok, kim bilýär nämesinden, şol taýyk bardygy ol
edil atasy öýüne görme-görşe gelen gelin ýaly gül-gül açylyberýär,
käýarym ol bazaryñ bir çetinde hiç kime görünmän ýatybam turýar;
şonuñ ýalyda ol ýedi ýyllyk ukusyny alýar; gelen-geçen ony görýär;
demirçileriñ, nas satanlaryñ ýa-da agaç ussalarynyñ arkasynda oýluga çolanyp, saññy dişlerini görkezip hor çekip ýatan adamyny görmäýin diýeniñde nädip görmejek? Köplenjem ol nas satanlaryñ arkasynda ymyzganýar, bu ýeriniñ howasy onuñ göwnünden turýar: siñek ýok, beýleki mör-möjeklerem bu ýerden gaçalak edýärler, bu
taýynyñ ukusy onuñ üçin tapylgysyz süýji, agryljyk ys adam
saýlaýar.
Garasöýmez bir gezek nas satyp oturan kişileriñ birine hyrydar
çykyşlaryny hem gördi; görenok-da, eşitdi, ilki bu oña düýş bolup
göründi; söwdanyñ başy nämeden başlandy? Ol bazara aýlanypaýlanyp, usurgap ýatyp galdy, aşagyna köne donuny düşendi, üstünede, nas satanyñ donunyñ synyny çekdi, dessine-de onuñ: ”Nasa gel,
ha-aw!” diýen sesine öz horruldysyny goşdy; näçe ýatandygyny bilenok, ýöne birnäçe wagtdan soñ, oña şeýle bir düýş göründi, görünenogam-da, ýöne eşidildi... Hamana, añyrdan gelen geýnüwli biri,
nas satandan üç-dört dolam nas alýar, nas satan begenip, oña derrew
çilim eden kagyzlaryna ýap-ýaşyl ýagly nasyndan gaplap berýär; ol
adamam şol oturan ýerinden gitmän, çommalyp, satyn alan nasyndan
agzyna atyp görýär, onuñ agzy nasly başyny ýaýkap oturyşyndan
nasa göwnüniñ ýetendigini belli, muny hatda ukuda ýatan Garasöýmezem bada-bat añşyrýar; soñ alyjy kellesini humarladan nasy
nas satanlaryñ üstaşyry ”püfläp” goýberýär; ukuda ýatan Garasöýmez ýüzüne ýagan uşajyk nas gatyşykly tüýkülik damjalaryny,
kerep syran ýaly, eli bilen iküç öwre syryp goýberdi, beýlesine agdaryldy; onýança söwda täzeden girişildi. ” – Maña on kilo nas ber!
190
– ”Onça nasym ýok! – nas satan saññy dişlerini görkezip loh-loh
gülýär. – Sende-de onça pul ýokdur.
– ”Meñ pulum bolmasa, özüm günäli, sen harydyña jogap ber, gepleşdikmi? Ýöne, ýaşuly, gülme!”
– ”Gülüşmekden aýyrmasyn! Gülme diýseñ, ygtyýar özüñde, halypa! – ol nas atmakdan ýaña sap-sary bolan saññy dişleriniñ düýbüni
görkezýär. – Ýöne senem meni güldürme!
– Meniñ sizi güldürmegem, aglatmagam ýadyma düşenok. Mañlaýyñyzda gülmek bar bolsa-ha – gülersiñiz, aglamak bar bolsa-da –
aglarsyñyz; häzirlikçe maña bir halta nas beriñ!
– ”Onça nas ýasar ýaly pohy obamyzyñ towuklary bir hepdede
etmez; ondan daşgary ýene hek gerek, pagta ýagy, özüñ bilýäñ,
beýleki zatlar...”
– ”Ýaşuly, meniñ siziñ derdiñiz bilen işim ýok, maña nas gerek! On
kilo nasy şu ýerde dikläñ, ýogsam-da men siziñ özüñizi satyn aljak.
Meniñ gara çynym.”
– ”Niýetiñ düzüw, ýöne men gülmän ýaşap biljek däl, ýogsam dişlerim derrew döküler, olara howa gerek; sen meni hor saklarsyñ,
öýermersiñ, damagymy gysarsyñ, men bolsa, bolçulyga ozaldan endikli.”
– ”Bilip geçen! Elbetde, o taýda siziñ işiñiz gije-gündiz nas ýasamak bolar, üstüñizi pohdan gömmek – meniñ bilen; obamyzyñ iri
maly – towuk; towuk eýeleriniñ bogazy-da meniñ elimde, nätjek
olaryñ syýasat bilen işi ýok, men olara çörek berýärin, olaram maña:
”Hojaýyn” diýýärler.
– ”Men hemmesine boýun: obaña-da, adamlaryna-da, obañyzyñ
towuklaryna-da garşylygym ýok, meni ynjalyksyz edýän başga zat:
meniñ dişlerime howa gerek, men olary çüýredip biljek däl; dogrusyny aýtsam, nasy-da men şu dişlerim üçin öwrendim, soñ ony ýasamany, soñra-da – satmany; elbetde, men maşgalaly, çagaly, ýöne
barybir men diñe öz jan saglygyma seretmesem alajym ýok, men bir
keselbent adam; onsoñam, ine, seret, – ol öz synyny ýapynyp ýatan
Garasöýmezi görkezýär... – eger men özümi saña satyp goýbersem,
bu nädip gününi görer? – Garasöýmez nas satan gojadan razy boldy,
söwdanyñ yzyny diñledi. – Şonuñ üçinem, gel, gowusy boljak söwdany edeli, men seni satyn alaýyn, inim!”
191
Geýnüwli, intelligentsypat kişi ilki muny eşidip gülýär, emma nas
satan ony şol oturan ýerinde ýedi depik gumy bilen satyn alýandygyny yglan edensoñ, işiñ çyna ýazandygyna düşünip galýar; nas satanlaryñ hatary şowly söwdany görüp, el çarpýar, intelligentsypat, bir
agarýar, bir-de gögerýär, emma soñra munuñ ýazgytdygyny bilip,
lampa aşak oturýar; onuñ iñ soñky delili, hamana, ol her günde işe
gatnamasa, Býuronyñ aşaky basgançagynda syýasy bölümiñ işi durjakmyş; nas satan ýaşuly çommalyp oturan ýerinden kellesini satanynyñ arasyna sokup kikirdeýär, inteligentsypatyñ ýaşdygyny, özüniñ oña ýüreginiñ awaýandygyny, ýöne biraz görüpliginiñem ýok
däldigini duýdurýar: ”Bu döwürde syýasat bilen meşgullanmak hezil,
asyl itiñ añsady bolupdyr, çünki indi – syýasatçylaryñ syýasatçysy
beýik Stalin ýok!” Ol öz gepini ýene-de gülkä ýazdyrýar, gülki bolup, bu bir gülkem däl-de, ýöne onuñ dişleriniñ sagdynlygyna nepi
degjek dodak gymyldysy diýseñ-de boljak. Nas satan ýene şeýle
diýýär: ”Biziñ obamyzda işe gadagançylyk ýok, gatnaber!” Onsoñ ol
bu günlükçe söwdasyny boldum edip, Garasöýmeze seredýär: allajanlarym, bu bendäni nätsemkäm? Soñam ol edil çaga pişik ýaly
myrlap ýatan göherdi oýarmaga dözmän, pygamberiñ göreldesine
eýerip, synyny kesýär-de, ýatany oýarman, harydyny yzyna tirkäp,
bazardan çykyp gidýär; sypjyk harydyny saklamak üçinem ol
ätiýaçdan öz bilinden hem onuñ bilinden ýogyn tanapy aýlap dañýar;
şondan soñ ol boş elini donunyñ goltuk jübüsine sokup çykarýar-da,
biçäre ýigide özüniñ köne partiýa dokumendini hem-de Býuronyñ
gizlin agzasydygyny tassyklaýan möhüm kagyzlary görkezýär; waka
şu ýere ýetende, nas satanlaryñ uzyn hatary saññy sary dişleriniñ
düýbüni berkitmek üçin, ozaldan öwrenen endiklerine görä, bir
wagtda syrtaryşýar.
Garasöýmezi bu süýji ýatlamalardan sekretar gyz oýardy. Müdir
üçin goýun soýlup, onuñ böwrekleri alnypdyr, emma ony iýmäge
adam ýok.
– Bütin kontory aýlanyp çykdym, böwrekleri diri ýuwutmaga adam
tapylmady, bölekläp ýuwutjaga böwrek ýok. Belki, siziñ nesibäñizdir?
Garasöýmez öñündäki kagyzlardan ýüzüni galdyrman, böwrekleri
ýüzüniñ ugruna ýuwudyp goýberdi; şonda kontor işgärleriniñ gapydan jyklaşyp duranlaryny görüp, olaryñ ýeñilkelleliklerine haýpy
192
geldi: niçiksi goragsyz adamlar, hemme zada geñ galýarlar, ynanajañ
hem biçäre! Olaryñ biri biriniñ aýagyny basyşyp, biri-birini itekleşip,
biri birine göz gypyşyp bärik, kabinetiñ törüne garşy boýunlaryny
uzadyşlary diñe şundan habar berýär. Garasöýmez elýaglygyny çykaryp, dodaklarynyñ ganyny süpürişdirdi, dişini sordy, soñam biweç
mähelläniñ özünden bilip, bu gapydan gitmegine garaşdy. Märeke-de
tomaşanyñ dowamyna. Ahyry bolmady:
– Baryñ, işläñ! – Garasöýmez sypaýyçylyk etdi. – Bu ýerde syrtyny
açýan ýok!
Tä goýnuñ soýlan ýerinden, kontoryñ ýeñsesinden ýiti galmagal çykýança Garasöýmez gözlerini süzüp oturdy. Işgärler toparyny bozman, soýlan goýnuñ üstüne abananda, goh turdy, ol
ýerden ýiti şapbyldy geldi; kontor işgärleri biçäre goýnuñ ähli
içki organlaryny – hersi öz bokurdagyna sygaýjagyny – ýuwutmany öwrenýärdiler, olaryñ kimsi goýnuñ bagryny, kimsi
ýüregini, kimsi dalagyny lak-luk atdy; iñ soñunda onuñ derisini
üstüne ýapynyp, iki ýana düwläp ýören kişi Mäşirik aga meñzeşdi. Eger bu çyn bolsa, onda ol gumuñ etegindäki Köşgi
kime goýup gaýtdyka? Görsene muny, Köşgüñ kölegesini ynanyp bolmajak adamlara ony goramagy ynanmaly bolýar!..
193
10. Kölege baýramy
Jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşkleriniñ sany şeýle bir tiz köpelýärdi
welin, basym olaryñ kölegeleri bütin ýurduñ üstüne abandy. Köşkleriñ diñe bir özleriniñ däl, eýsem kölegeleriniñ-de aladasyny etmeli
wagt geldi. Onsoñ ýurtda kölege baýramy yglan edildi. Bu baýramy
abraýly sowmak üçinem, elbetde, kölege gürrüñi gerek. Beýle bolsa,
Amansyzy nädip oñjak? Umuman, halk Amana şeýle bir öwrenişen,
onuñ Amansyz güni geçenok, edil gök çaý ýa-da çilim ýaly ol adamlaryñ gündelik neşesi. Onuñ arasy bitişik gür gara gaşly, oýnaklap
duran ýeser gözleri, bibaş gylygy bolmasa, oba suslanjak, adamlaryñ
keýpi gaçjak, belki-de olara edere kölege gürrüñi-de galjak däl. Gyz
berilse-berilmese-de, ol dulda oturan çuwalgyzlaryñ-da ölmezek
umydy. Halk bir ýerde horlansa, kemsidilse, haky gitse, Amany ýatlaýar, ondan haraý isleýär. Oña bolan ynam öz-özünden ulalyp, çişip
gidip oturyşyna bir aýlawda ol obanyñ sarsmaz hyýaly diregine öwrüldi. Adamlar gije-gündiz oña saglyk, uzak ömür dilediler. Ozal
kölegä getirilmedik ýetimek indi ”Kölege baýramynyñ” töründen ýer
aldy. Indi ol adamlara, näme islese, şony-da gürrüñ bermäge hakly.
Onsoñ ol gürrüñe başlady we munuñ özi bir ýazylmadyk geçmiş
bolansoñ, adamlara diñe ynanaýmak galdy.
Ol gundagdan çykaly obanyñ çekenesiniñ yzynda gezdi. Ýöne bu
onuñ bir döwüm çörek üçin mejbury edýän işi. Igendirmän, uly höwes bilen edýän işi welin başgady – köne donuny kellesine bürenip,
atlyny atyndan, eşeklini eşeginden agdarmak, ýykyp bilmese, gorkuzmak, gorkuzyp bilmese, ürküzmek. Atyñ, düýäniñ ýa eşegiñ üstünde pinekläp, irkiljiräp, dünýäden habarsyz yranjyrap gelýän ýolagçylaryñ hezilini almak onuñ ýetim göwnüne teselli bererdi. Kellesi ýañy kyrkgaryndan çykan şütür keliñ haky diñe gara garny bolmadyk bolsa, kim oña mal ynanjak? Ýöne mugduñ öñünde durjak kim
bar? Edenli ýolagçynyñ eline düşüp ýenjilende bilmediksiräp, çekeneden mal ýitende oña gargynmak – mal eýeleriniñ güýmenjesi.
Amanyñ güýmejesi – çekenäni düze kowup, ýeke gelýän ýolagçylaryñ ahmalyna garamak. Onsoñ biwagt-näwagt düzden haýkylyk çyksa bu töwerekde oña geñ galjak ýok.
194
Bir gezek ol gumuñ içi bilen ýat oba barýan eşekli naçaryñ yzyndan
ýetip, eşeginiñ guýrugyny galdyraga-da, syrtyna bir düýp gyzgan
gysdyryp goýberdi. Eşek janawar ýuka ýerine batan tikeniñ awusyna
dözmän, şol gidişine tä daljygýança çapdy. Ýykylmajak bolup, gaññanyñ gürlüginden bar güýji bilen ýapyşyp, elleri garganyñ aýagyna
dönen, dilden-agyzdan galan aýaly ertesi çölden tapyp getirdiler.
Eşek ümdüzine çapyp gidipdir, aýal bolsa, ýerde gaññanyñ üstünde
öñküsi ýaly onuñ gürlüginden berk ýapyşyp, gozganman oturan ekeni.
Aman şeýdip, ilki ýigrimi bäş ýaşady, soñam otuzdan geçdi. Ne
maşgala bar, ne-de öý-işik. Kim uwasyz ýetimege dulundaky gyzyny
berjek? Bu illerde öýlenmek – adam bolmak, adam bolmagam, elbetde, kyn, köplenç mümkinem däl, ýogsam Aman bolmazmydy? Aslynda onuñ ýolundan gyz-gelin gündiziñ günortany-da sowlup geçenini kem görenok, golaýlaşsa, çaññany uraýjak ýaly. Otuzdan geçsede, öñki bolşy, kakabaş, özüne haýpy gelýäne meñzänok. Onsoñ bu
öwrelerde adam oglunyñ başyndan inmedik hekaýat onuñ depesinden inmese, elbetde, geñ boljak. Onuñ özi-de hut şeýle diýýär.
– Ana, onsoñ bir günden bir gün men öz bakýan çekenämden goýun
ýitýändigini bildim. Bu wagt golaý-goltumyñ oty ýukalyp, men süri
bilen gumuñ içine ymykly aralaşypdym. Geñ ýeri: azam däl, känem
däl, sürüden günde bir goýun kemýär, özem edil ýer hopan ýaly,
birdenkä ýitirim bolýar gidiberýär: ne yz galýar, ne-de süñk-sañk.
Möjek aparsa, beýle bolmaly däl, gaplañ atsa, derek galmaly. Bu
wakanyñ añrysyna ýetip bilmämsoñ, ýüregime gorky düşdi, dogumyma bäs gelip bilmän ýören halyma birdenkä injigim tibirdedi;
men gözümiñ görmedik duşmanyndan eýmendim: göze görünmez
bela, bu ne alamat? Kimden haraý islemeli? Mundan owal il maña
degsinmekden geçen, özüne degilmese kaýyldy, eger meniñ malyma
batyrynsalar, munuñ bir emmasy bolmalydy. Eýýäm bir oýnam
goýun ýom-ýok. Erteki gün olaryñ eýeleriniñ öñünde kim durar?
”Çarwanyñ malyny alandan, janyny al!” diýleni, git-hä-gitligiñ üsti
açylan güni meniñ dat günüme! Men günegargan dek elewredim,
emma netije ýok: hudaý gün berse, bir işek gürüm-jürüm bolup dur.
Onsoñ men öz-özüm kelte geñeş saldym: ”nädip ogrynyñ ahmalyna
garamaly? Göle ýaly işekleri kim, nädip göterip gidýär: tüweleými
ýa-da gara ýel?” Men birnäçe gün yz çaldym, sürüniñ ýanyndan
195
aýrylmadym, emma edibilen çäräm bolmady, öñküsi ýaly her gün bir
işek gürüm-jürüm gidip dur. Sürä darany añtap ýörşüme ogrynyñ
üstüne malyñ özüniñ gidýäni meniñ nireden kelläme gelsin?!
Sürüniñ gije däl-de, gündiz kemelýändigini bilenimde, men öñküden-de geñ galdym: bu nä hekaýat? Onsoñ men ertirden günortana
deñeç garaşdym, ogry gara bermedi. Ahyry ýadap, sürüni ota kowdym-da, endigime görä, çeltek gurnup, kölegä sümdüm; kellämi ýere
yrykladym, şol wagtam sürüniñ ýelesinden bir işegiñ bölünip, daşlaşyp barşy gözüme ildi. Ýakyp barýan yssydan basylyp, ysgynsyz
guşluk ukusyna oraşyp barşyma men ilki muña hiç düşünip bilmedim, ýene bir goýnuñ sürüden arany açyp barşyna parhsyz seretdim
ýatdym. Emma nämüçindir birdenkä meniñ añy haýallan kelläme bu
daşlaşyp barýanyñ Töre ahunyñ goýny bolmagynyñ ahmaldygy geldi. Şonda men ýalpa gözümi açdym, öz görýänime ynanman, ýumrugym bilen gözümi owkaladym. Ota aldanyp, gitdigiçe sürüden arasyny açyp barýan işege ýene bir gezek geñler galyp seretdim. Gör-le,
eger gözlerimi ýumup ýetişen bolsam, bu günem bir goýundan el
ýuwjak ekenim. Onsoñ egri çopan taýagymy hasyrra elime aldym-da,
işegiñ yzyna garama-gara düşdüm gidiberdim. Asyl indi görsem,
ertir guşluga golaý özüm irkilemde, itlerimem irkilýän ekeni. Elbetde, ”It eýesine çekmese – şumluk!”
Sürüden daşlaşdygyça otdan bizar, işek gitdigiçe çuslanyp barýar,
soñabaka edil ýöne guzusyny emdirmäge barýan ýaly tozanlaberdi.
Menem ondan galman, ylgaşlaýan. Şeýderka-şeýderka biz tirkeşip,
kän ýol geçdik, ençe depe, ençe gol yzda galdy. Ine-de, bir aýlawda
görsem, meniñ özüm işekden öñe düşüp, tozanlap barýan! Bu nä
hekaýat?! Meniñ edil şol wagt muña aklym çatanok, ýöne arkamdan
itilýän ýaly idirdäp barýandygymy welin duýýan. Şol barmana-da
meniñ işekden göwnüm galdy, yzyma gañrylyp, ”menden galma!”
diýýän şekilde oña igençli seretdim. Şonda men goýnuñ özüme
haýpy gelip, gözlerini balkyldadýandygyny gördüm. ”Bu goýnuñ
nämüçin maña haýpy gelýärkä?” diýen duýdansyz pikir meniñ tozanly howa deýin bulaşan añymda ýyldyrym dek bir dem çakyp gitdi.
Onsoñ men birsalym şeýdip, aýagym aýagyma ýetişmän, dazyrdap
ýöredim. Soñ loñkuldap ugradym. Iñ soñunda-da gözüm garagörnümde ýapynyñ ýüzünde garalyp ýatan gowaga düşdi, özümiñ başga
ýere däl-de, hut şol gowaga garşy dazyrdap barýandygymy bildim,
196
yzymda-da ahunyñ işegi... Gowaga mazaly golaý baramsoñ, men
ondan kellesini çykaryp ýatan äpet ýuwhany saýgardym. Janym bokurdagyma geldi, irde-giçde özümiñ Gurhandan öwrenen ýeke-täk
aýadym – ”Kulhuallany” bazzyldap, okamaga başladym. Şonuñ üçinem men ýuwhanyñ demine düşmän, edil bäri ýanynda büdräp ýykyldym. Işek janawar meniñ üstaşyry tozalanyp, ol agzy jäheksiziñ
bokurdagyna başbitin girip gitdi. Gowagyñ agzynda onuñ diñe
naýynjar mälemesi galdy. Men çök düşüp, jüp aýamy ýüzüme eltdim, ýañadandan ”Kulhualla” başladym. Ýylan demine dartýar, menem bilýänje dogalarymy sanaýan. Şeýdip ol peläket bilen bir
meýdan gidişendirin-ä! Ýöne meniñ gitdigiçe ysgynym gaçdy, ýuwhanyñ-da – yzgydy. Soñabaka onuñ bokurdagyndan iniñi tikenekledýän aýylganç haýkylyk çykyberdi. Meniñ göwräm ýuwhanyñ
agzyna golaý-golaý bardy. Şol wagtam özümiñ kimiñ goýny üçin
janymy gul-gula salandygym güpbe ýadyma düşdi. ”Sadagasy boldugym, Töre ahun, ýetiş!” – diýip, uly ilim bilen gygyrdym.
Şol demde meniñ arkamda öý ýaly äpet ak selle peýda boldy. Töre
ahun ýüzüniñ ugruna ýuwha bilen okaşmaga başlady. Ahun bilen ol
peläkediñ aldym-berdimli dikleşiginde men ikarada ”owlak aldy”
edilýän mala döndüm. Ýylanam okaýar, ahunam: ahun ýeñiberse –
men gowakdan daşlaşýan, tersine, ýuwha rüstem geliberse – göwräm
onuñ agzyna golaýlaýar. Soñabaka iki uly güýjüñ arasynda galyp,
meniñ hut süñklerim şatyrdaşyp ugrady. Ýöne soñunyñ nähili bolanyny görmäge ysgynym ýetmedi, essim aýylyp ýykylypdyryn. Ahun
goşa getirip, agzyma suw damdyranda özüme geldim.
” – Hany ýuwha?”
” – Bedähet, tas alypdy... – ahun mañlaý derini syldy. – Eger-de
çäkmeniñ syny onuñ diline dolaşyp, badak atmadyk bolsa, onda ikimizem ýagty ýalançyñ sowjak şemalyndan dynýardyk. Ýöne barybir
indi saña-da, maña-da bu jelegaýda aga-ýana gezme ýokdur. Men
ony okap ýarmalydym, emma bolmady, güýjümiz deñ geldi, ygtyýary paýlaşmaly bolduk...”
” – O näme üçin, ahun aga?”
Men sesimiñ ysgynsyz çykanyny bilýän. Sorag berip, ýene arkan
ýykylypdyryn. Ýüzüme Güne gyzan suw degende, ýene özüme geldim.
197
” – Üçini şol. Ikimiz erbedine duşduk. Ol diri galdy. Iñ soñunda
gömülgene öwrülip, çägä siñdi. Ýöne ol ýene geler, özem, göräý
welin, irde-giçde seniñ mañlaýyña ýazlan şonuñ kowmundan bolsa
gerek... Senem müjerret ötäýmeli däl ahyryn, Tañry bendelerine
öýlenmek parz. Ýöne welinim, ol oba gelensoñ, seniñ günüñ häzirkisi ýaly bolmaz, adamlaryñkam üýtgär. Tañrym ýöne maña bir ol gara
günleri görkezmäwersin, beren amanadyny wagtynda alawersin yzyna!”
” – Düşnükli...”
” – Şeýle, hanym... – ahunyñ sesi gussaly çykdy, – indi sen çölde
durma, bu töwerekde görünseñ, ol saña hezil bermez. Gowusy, sen
indi yrsgyñy başga ugurdan gözle; belki, syýasata baş urarsyñ, özüñ
gör, din ugrundan gitseñ, maña ýykyl, beýlekiden gitseñ, hut özüm
güwänama ýazyp bereýin, seni döwlet derejesindäki iñ möhüm dokumentlere ähli ýetimleriñ adyndan gol çekmäge mynasyp görýän;
bu meselä irde-giçde Býuroda serediler diýip umyt edýän. Seniñ indi
ile çykmaly wagtyñ geldi, bu günden eýläk – çöl saña haram!”
Şodur-da şudur, men ahunyñ diýenini edip, çöli taşladym. ”At ürken ýerinden, är – gorkan!” diýenleri, ýöne onda-da men başymy
gowgadan gutarman ekenim, ýuwhanyñ özi meni añtady. Çölden
galyp, birki aý garyp kepbämiñ dulunda güýlünip ýatamsoñ, ahyry
ussaçylyk etmegi ýüregime düwdüm. Bir gün ol-bi gural alynaýyn
diýip, jygyldyk bazaryna şaýlandym. Jygyldyk bazarynyñ güwläp
duran mähellesine goşulyp, demirçileriñ hataryny gezdim. Bigam
mähelläniñ içinde öz derdimi unudyp, ýap-ýañyja satyn alan gutabymdan käýarym bir dişläp, hatarma-hatar aýlanyp ýörşüme ahyry
bir ýerde aýaklarym diýen etmedi duruberdi. Duşaklanan ata döndüm. Tisginip, gabagymy galdyrsam, ýüzüme çüýçjerilip oturan
bakgalyñ gözüne gözüm düşdi. Şondan añryk aýagym bir ädimem
ädilmän, geñsi aljyraññylyga düşüp, tä söwdägäriñ özi alkymyma
dykylyp gelýänçä sañ-gaty bolup galdym. Bazarçy bakgal gelip,
meniñ gulagyma pyşyrdady:
” – Gaýdyp dagy-duwara bazarda görsem, oññullyk tamasyny etme.
Seniñ bu taýda görünmäge hakyñ ýokdur!”
Ussanyñ pessaý çykýan haşyrdawuk sesi iniñi erbet tikenekledýärdi. Onuñ gözlerine ýakyndan gözüm düşende, men öz garşymda
duranyñ kimdigini derrew tanadym. Şonuñ üçinem huşum başymdan
198
uçdy, derrew bazardan garamy saýlamak bilen boldum. Gaýdyşyn tä
öýe gelýänçäm ýoluñ ha bu, ha o ýanynda joñkarylyp oturan gözi ýiti
satygçyny gördüm geldim. Şondan soñam, ynha, gaýdyp obadan
çykmaga milt edemok. Dogrusy, men hut aç öläýmelidim, özüñiz
bilýäñiz, biziñ ilde aç ölmek añsat, emma, ynha, bir gün yrsgalym öz
aýagy bilen gelip, garyp külbämiñ gapysyndan girdi. Ýok, öz aýagy
bilen däl, onuñ aýagy ýok, ol towlanyp, suwlunyp girdi. Törüme
aralaşan äpet ýylany göremde, ilki dilim tutuldy. Köz basan ýaly
syçrap turdum-da, ýylanyñ üstaşyry gapa okduryldym. Daş çykamsoñ, hoñ ýaly ýerden yzyma garadym, ýylan yzymdan kowsa, ýene
gaçjakdym. Ýöne gelmişek ýerindenem gozganmady. Imi-salalyk.
Bu ýagdaýa ynanman, töweregime delmuryp kän durdum, adamlardan haraý isledim, ýöne, özüñiz bilýäñiz, kimiñ agyrysy kimde? Her
kim öz güzerany bilen ýetişiksiz gara günde. Külbäme girip bilmän,
agşama deñeç daşarda aç-suwsuz entedim. Agşam düşdi, ýöne çagyrylmadyk gonak öýümden çykarly däldi, dulumy ýassanyp ýatyrdy.
Onsoñ men usullyk bilen gapyny açyp, oña: ”Çyk!” diýip, haýbat
atdym. Ýylan: ”Maña diýýäñmi ýa ite diýýäñmi-de?” diýenok. Ana,
onsoñ, göreniñ, ozal oba baş bermän, köprüñ aşagynda ýatyp, eşek
ürküzip ýören şütür kel, öz sümelgäñden kowulmagam ýokuş degjek
eken, hötjetligime tutandyryn-a! Netijede ýylanam öýde galdy, menem. Men gelmişegi höwür tutundym, onuñ bilen bile bir gapydan
girip-çykdym. Ýöne ol meni özüne öwrenişdirdi-de, soñra bir ýere
gürüm-jürüm boldy. Ýöne waka siziñ pikir edişiñiz ýaly däl, başga
hili – Aman sesini gorkuly peseldip, pyşyrda ýazdyrdy: – Ol eýýäm
adam sypatyna girip, biziñ aramyzda gezip ýörmikän diýýän...
Aman Günüñ aşagynda gara köýük bolup oturan obadaşlaryna kölegäniñ töründen uly söýgi bilen seredip, gözleriniñ ýaşyny syldy.
– Seniñ bu aýdýanlaryñ bary erteki! – oba kitaphanasynyñ müdiri
Çary-kitap halys çydap bilmän gygyrdy. – Gulak as, görýäñmi şu
agaçlary?
Dowamly suwsuzlykdan ýaña solgun ýapraklary çañjaryp oturan
alma agajyna gözüni diken Aman:
– Görýän – diýip, boýun aldy. – Ýöne olar ýaşyl däl, çal.
– Biziñ durmuşymyzda çal ýapraklar ýaşyl ýapraklaryñ roluny
oýnaýarlar; şolar bolmasa, agaçlar ýaşap bilenok. Nämüçindir
öýdýäñ?
199
– Diýmek, gyş düşendir!
– Biz bu wagt pasyllañ gürrüñini edemzok. Gep ýaşaýyşyñ düýp
özeni barada barýar. Ýapraklarda hlorofil dänejikleri bar, olar Günüñ
şöhlesini özüne siñdirip, ýaşyl reñk işläp çykarýarlar.
– Çykaranlarynda näme? – Aman perwaýsyz seslendi.
– Nämesi-dä şol. Edil şonuñ ýaly pigment ýasaýan jisim biziñ tenimizde ýokdur öýdýäñmi?
– Bolanda näme?! – Aman añrybaş perwaýsyz jogap gaýtardy.
– Sakawyñ soñuna seret! Adamda öt bolýar, ol, il aýtmyşlaýyn,
gaýrat işläp çykarýar. Ýöne...
– Rast aýdýañ! – diýşip, olaryñ gürrüñine gulak asyp oturan märeke
ala-galmagal turuzdy. – Adamda öt bolmasa, gutardygydyr. Ýöne
kimde öt bardygyny nädip biljek?
– Itiñ añsady! Kim minnetli aş iýse, ödi ýokdur.
– Munyñ-a birhili – diýişdiler. – Ajyksañ nätmeli? ”Ajyñ añy bolmaz”, ”Bir doýmak – çala baýamak”, ”Bu günlügini tapan ertirligini
gaýgy etmez”, ”Berenden al, urandan gaç!” we ş.m. diýlipdir.
– Eýsem: ”Akylyñ bolsa, akyla uý, akylyñ bolmasa – nakyla!”
diýen kim? Ýañky nakyllary döreden millet dälmi?! Bizde indi jüýjehorazyñkyça-da akyl ýokmy? Ine, meselem... – güne jyzyrdaşyp
oturan adamlar oña ellerini gözlerine kölegeledip seretdiler, – bu gün
ýurdumyzda ählihalk ”Kölege baýramy”, ýöne bize kölege ýetenok,
Günüñ aşagynda otyrys! jokrama yssyda!
– Ýok, hemmämiz däl! – diýip, gapdaldaky goýy kölegeden mylaýym ses çykdy. – Meni nämüçin hasap edeñok, menem şu milletden ahyryn! Ýa men adam dälmi?! Üstesine-de, halkymyzyñ köneden gelýän däbine görä, häzir millete süñk paýlanjak!
– Millet! Süñk paýlanýar! Süñke çoz! – diýip, şol wagt biri çile
çykyp, ýiti ses bilen gygyrdy. – Ýet! Soñ armanly bolma!
Çary-kitabyñ töweregini alyp oturan märeke garasar sürüsi ýaly
ýerinden gürre ördi-de, depesi çanakly kişiniñ üstüne eñdi. Tomaşa
başlandy. ”Maña ber-de- maña ber!” bolşup, adamlar biri-biriniñ
aýagyny basyşyp, itenekleşip, ýykylyşyp-sürşüp, kä ýerinde birki tar
et sallanyp duran omaçalara ýetjek bolup, uly oran turuzdylar. Ulularyñ satanlarynyñ arasyndan sümlüp öñe geçjek bolan ýetginjek aýak
astynda galdy, depgilendi, goşa gapyrgasyny döwdürip, aýak astyndan çabalandy, soñra süýrenip gyra çekildi. Beýle-de ýatan aç it ba200
ryp onuñ ellerini ysgaşdyrdy, emma omaçanyñ ysyny tapmady, çyñsady.
Çary-kitap ýerinden turdy, baryp iti kowdy-da, oglany eline aldy.
Adamlar paýlanyşyk gutaransoñ, ýetdik haklaryny alyp, çommalyşyp, hezil edip, süñk gemirdiler. Süñkden hantama bolup golaýlaşanda, iki-üç ýerde böwrüne depilen it-de Çary-kitabyñ aýagynyñ aşagyna gelip, burlup ýatdy, çyñsady.
– Adamlar! Süñk diýip, adam basgylamak bolmaz-a!
Märeke gyzyl-gyran gülüşdi. Aman onuñ ýeñinden çekdi.
– Günä özünde: oña aýak astyna sokul diýen barmy?!
– Süñküñ üsti basa-bas, oña ýetjek däl, onsoñ ol dagy nätsin?
– Ind-ä ýetäýdi-dä welin!.. – diýip, ýagly süñki gemrip oturan gürzelek sakgally ýaşuly kinaýaly kikirdedi. Süñkçi mähelle-de hoşwagt
bolup gülüşdi. Gürzelek sakgally çommalyp oturyşyna sakgalyndan
ýag damdyryp, Çary-kitaba göwünjeñ lak atdy: – Sen gowusy bize
bu çakda kitaplarda näme ýazylýandygyny gür ber, Kitap. Ýogsam,
biziñ halys gulagymyz poslady.
– Kitaplarda: ”Adamynyñ öz hukugy bolmaly” diýip ýazýarlar.
– Her adamynyñ özbaşynamy? – diýip, gürzelek sakgally gürrüñdeşiniñ çetine degýän şekilde ýanyndakylara gözüni gypdy.
Çary-kitap oña haraý isleýän sypatda seretdi.
– Hawa, her adamynyñ. Biziñ her birimiziñ öz hukugymyz bolmaly.
– Her adamyñ öz hukugy bolsa, onda ýer ýüzünde, heý, hukuk galarmy? – diýip, guma bulaşyp oturan adamlar geñ galmaga-da çekinip, agyzlaryny açdylar.
– Adamlar! Siz hiç zady gaýgy etmäñ, eger biz öz hakymyz üçin
göreşsek, onda hökman biziñ her birimize hukuk ýeter. Ol hukuk
ýerliginde kän, men ony kitaplardan okap gördüm. Mysal üçin, Amerikada näçe ýüz ýyl bäri her kimiñ öz hukugy bar, olar ony ömürboýy ulanýarlar, ýöne şonda-da gutaranok! Bizem ony edinip bilsek,
soñ gaýdyp dagy-duwara gutarmaz, maña ynanaýyñ!
Märekäniñ içinden lapykeç hüñürdi eşidildi.
– Näbileli, kitaplarda bir üýtgeşiklik bolaýandyr öýdüpdiris. Bu
zatlary biz käşgi öñ eşitmeýän bolsak...
Çary-kitap gapyrgasy döwlen oglany egnine alyp, bir elini goltugyna sokdy, bir petde kitapça çykaryp, daşyndakylara paýlap ugrady.
201
– Eşitmek – aýry, ugruna çykmak – aýry. Alyñ, adamlar, alyñ! Bu
kitapçajyklarda siziñ hak-hukuklaryñyz ýazlan. Onuñ bütin dünýäde
güýji bar. Bu täze döwrüñ Gurhany! Siz ony gorasañyz, olam sizi
gorar!
Ol suwsuzlykdan iñleýän ýetginjegi märekäniñ taýak atymyndaky
golçadan güne gyzan ýürekbulanç suwdan gandyryp geldi-de, ýenede adamlaryñ arasynda hasanaklap aýlandy. Elindäki kitapçalar gutarsa, goltugyndan ýene çykardy. Çary-kitabyñ goltuk jübüsi boşanda, adamlar onuñ itiñ horudygyny görüp galdylar. Şonda adamlaryñ
özlerine ýüregi awady: ”Bizi azat etjek bolýanlar niçiksi hor adamlar.
Bular ýeñýänçä, pyşdylyñ arkasyna tüý biter!”
Çary-kitap aýlanyp ýadady, onsoñ gelip, öñküje ýerinde, çiliñ üstünde oturjak boldy, emma görse, ýeri eýeli.
– Bu taýy meñ ýerim! – ol arkasyndaky ýetginjegiñ agramyna ýegşerildi.
– It bolmaga ýalagyñ barmy? – onuñ ýerinde ornaşan inçejik gara
galstukly ýigit ýüzüni aldy.
– Sen, han ogul, köpbilmişsireýän-ä dälsiñ-dä? – şol wagt kölegede,
oturgyçda oturan ýene-de bir inçejik gara galstukly, seýrek saçy arkan daralan adam oña gyzyla gaplanan dişlerinden syzdyryp, äwmezek sorag berdi. – Señ o diýýäniñ baş-başdaklykdyr. Onsoñam sen
orta boýly hor, meñ bilen deñäñde, çöpejanbitdi diýseñem boljak,
emma özüñ welin, hamana, uzyn boýly dolmuş adam ýaly gepleýäñ.
Muña nähili düşünmeli?!
– Gaty jaý gürrüñ! – märeke onuñkyny goldady. – Kitap başga,
durmuş başga.
Çary-kitap kölegede inçejik gara galstukly adamlaryñ barmak büküp sanardan has kändigini diñe şonda görüp galdy. Olardan biri
oturgyçda oturanyñ gapdalynda süñkli çanak getirip goýdy. Gaýnan
süñkden çykýan ýakymly ys oturanlaryñ bada-bat agzyny suwartdy.
Adamlar berlen kitapçajyklary öz elleri bilen getirip, oturgyçda oturan adamynyñ aýagynyñ aşagyna oklamak üçin nobata durdular.
Gyzyl dişli, gyzyl ýüzli, seýrek gara saçly adam bir aýagynyñ aşagy
dolansoñ, adamlaryñ kitapçajyklary kösenmän oklap bilmegi üçin
beýleki aýagynyñ burnuný galdýrdý. Bir elini çanaga sokup, ol geleni hezzetläp otýrdý: bir kitapça – bir omaça. Iñ soñunda çanakda diñe
ýekeje omaça galdy. Egnine agram salan ýükden dynan märeke özü202
ni ýene-de ganymat duýdy, olaryñ degişesi geldi. Onsoñ olar Çarykitabyñ egninde sulugyp ýatan ýetginjege pyñkyryşyp seretdiler.
– Ýeri-how, sen näme süñk paýyñy alañok? Ýa şol eliñdäki kitapçadan garnyñ doýaýar öýdýäñmi?
Oturgyçdaky adam Çary-kitaba dişini gyjady.
– Oglany getir, süñk paýyny alsyn!
Çary-kitap ýetginjegi çanagyñ ýanyna getirdi-de oña elindäki kitapçasyny omaça çalşmaga kömek etdi.
– Äkidiñ indi muny, öýlerine taşlañ! Kimiñ goñşusy bu?
– Biziñk-ä däl! – diýşip, adamlar ýerli-ýerden gygyryşdylar. – Biz-ä
ol köçedenem däl.
– Dargañ onda, enesi ýalamadyklar! Näme agzyñyzy öweldip dursuñyz?! Eý, Hudaý, nähili rehimsiz adamlar! Nähili perwaýsyz mähelle! – oturgyçda oturan gyzyl ýüzli, gyzyl dişli adam seýrek saçlaryny syh-syh edip, gazap bilen gygyrdy. – Heý, nädip, şu adamlara
ýurduñ ykbalyny ynanjak, hä? – ol Çary-kitaba garşy öwrüldi. – Men
saña diýýän, it ogly, hany seniñ watançylygyñ?! Siz tetelli adamlar
ýurdy iru-giç gorpa süsdürer, men ony bilýän, ýöne, arman, etjek
alajyñ ýok, siziñ eliñizi towlap, elimiz gurady...
– Türmede lukman barmydyr?
– Doly! Olaryñ nä enesi gyzmy, bolman?
– Onda oglany ýanyma alaýjak?
– Ýogsam näme, ol eýýäm täsire düşen. – soñra ol öz inçejik gara
galstuklylaryna ýüzlendi: – Basyñ bulary maşyna! Ýok, duruñ entek!
Oglan süñküni gemirsin, garaşyñ. Añyrdan gelýän däbi bozmak bolmaz. Näme agzyñyzy öweldip dursuñyz, oglana süñküñ ýiligini kakyp beriñ! Täzeje soýlan malyñkydyr, iýsin, ýüregini tutar.
Agyrysyna çydaman iññildäp ýatan ýetginjek agzyna ýilik kakylanda işdämen tamşandy. Onsoñ olary güýlüp, maşyna atdylar. Ýöne
maşyn ýöremedi. Benzini gutarypdyr hem tekerleri ýok ekeni. Çarykitaby düşürip, maşynyñ yzyndan itdirdiler, ýöne tekersiz maşyn
onda-da ýöremedi. Onsoñ gizlin gullugyñ işgärleri dagy alaç tapman,
ýetginjegi oba müdürliginiñ zyndanyna tabşyrdylar-da, Çary-kitaby
öñlerine salyp, gamçylap sürüp gitdiler:
– It ogly, mukaddes ”Kölege baýramynda” yssa at dakarça sen kim
bolupsyñ?!
203
Ýediñ biri ýylandyr...
Köne pähim
IKINJI BÖLÜM
11. Enäniñ gözleginde
Ýurdy ýakyp-ýandyryp barýan yssyny Köşgüñ aýnasyndan synlap,
jenap ýoldaş Prezident özi barada köp oýlanardy: nämüçin onuñ
başyndan munça külpetler indi? Ol nämüçin wagtyndan ir garrady:
güýçden gaçdy, huşuny ýitirdi, lagşady, süýjülik keseline uçrady?
Nämüçin? Nädip bu adamlara özüniñ-de olaryñ biridigini, ýöne, bu
bibaşlara baş bolmaly bolan bolsa, içlerinde iñ şormañlaýydygyny
düşündirip bolar? Halkyna ýüregi awamadyk bolanlygynda, ol beýle
günlere düşermidi? Saçy beýle ir agararmydy? Ýok. Megerem, ol
hem öz mähriban enesi, pökgüje dodaklary, keşdeli ýakasy mydama
çigit gabykdan çañjaryp duran, kyrk ýaşynda-da gaýtarma dek gylawly, mukaddes Gursoltan dek, ýaşadykça ýaş bolmalydy. Indi bütin milletiñ Enesine öwrülen bu mukaddes aýal mähremden mährem
ýylgyryp, özüni şol wagtlar jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşgüniñ gabat
garşysynda ýerleşen ýetimhana elin taşlap giden güni hut şeýle sypatda onuñ ýadynda müdümilik galdy. Ol indi Köşgüñ Mawy zalynyñ altyn çaýylan aýnasyndan bir wagtlar diñe bir diri galmagy dälde, eýse bütin bir halkyñ atalygy derejesine çenli ösüp ýetişmegi
başaran ýeri bolan köneki mekanynyñ harabasyny synlap, gussaly
ýylgyrýar, howanyñ gamaşyk güni gaşyny-da çytýar. Niçeme jebir
görse-de, halkyñ aladasy başyndan inmedik bolanlygynda, ol entekler ak saçly bäbek ýaly tyñkyja bolup galmalydy. Ýöne welin onuñ
mañlaýy şor boldy: bir döwürde onuñ töwereginde işleşip ýören
hem-de häkimiýetiñ çür başyna çykýan ýolda ondan öñden gybyrdyklaşyp barýan kärdeşleri Lariniñ dykgatly, diýseñ dostlukly garaýyşynyñ astynda üýtgedip gurmagyñ uzaga çekmedik agyr keselinden bir-birden gynanyp ýogalmaga başladylar. Ana, onsoñ bir
wagtlar Ewraziýa giñişligine ýaýran we ähli gury ýeriñ altydan birini
tutan, indem şatyrdap dargap barýan ägirt uly imperiýanyñ bir böle204
giniñ garamatyny öz boýnuna çekäýmese, onda dagy başga alaç galmady. Imperiýanyñ şol bölegi, ine, indi onuñ öz mellegine öwrüldi.
Elbetde, Larinem garşy bolup durmady, ol: ”Biz materialistler. Materiýa bolsa, ýitip gitmeýär we täzeden döremeýär, ol diñe bir görnüşden başga görnüşe geçýär. Biz diri bolsak, diýmek, imperiýa-da diridir jenap ýoldaş Prezident!” diýip, gaýtalamany gowy görýär. Ýeser
ýeri, ýöne indi oña ne ýatuw bar, ne-de turuw, ony alada iýip gutarjak. Ol hemme kişä derek bir özi oýlanmaly, paýhas etmeli, munuñ
üçin bolsa, ol öz-özi bilen geñeşmeli, göreşmeli, pikir alyşmaly, jedel
etmeli, soñra-da möhüm döwlet ähmiýetli kararlary kabul etmeli, bir
gün öñ ýanyndan kabul eden kararlaryny ýatyrmaly, indiki hepdäniñ
telewizion gepleşikleriniñ programmasyny düzmeli, Mawy zaldan
geljekki hepde-de guralmaly telegepleşikleri bellemeli, öz mährem
enesini hatyralamaly. Onuñ guran döwletinde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan bu iş üçin ol wagtyny-da, saglygyny-da gaýgyranok. Adyny köçeme-köçe dakyp gidip oturmak bilen ol öz mährem
enesine bolan görülmedik söýgüsini protokollaşdyryp, dokumentleşdirip goýýar. Onsoñ ýene-de ýüz ýyldanam, goý, kimdir biri jenap
ýoldaş Prezident öz enesini söýmändir diýjek bolsun-da göräýsin! Ol
öz mährem enesiniñ adyny hut köçe sözüniñ sinonimine öwürmegi
başardy. Çünki onuñ ady dakylan köçeler bu ýurtda indi müñlerçe.
Ol köçeleriñ ady öçüp, özleri ýitip gidäýende-de, ýazgyly kagyzlar
galar, kagyzlar pide bolsa – halkyñ ýady. Eýsem ol asyrlap boýy
giren gerekmejek ýazgylaryñ barjasyny öçürip, muña derek halkyñ
ýadyna diñe öz adyny we garyp ölen enesi mukaddes Gursoltanyñ
adyny müdümilik ýazmak üçin günüñ-güni elinden gelenini etmeýärmi? Azabynyñ netijesi – abyrsyz zähmediniñ şaýady: indi bu
ilde köçe diýilse, adamlar mukaddes Gursoltany, Gursoltan diýilsede – köçäni göz öñüne getirýärler. Iki garyş tümmegiñ üstünde ýumruk ýaly daş görselerem, ony jenap ýoldaş Prezidentiñ kellesidir
öýdüp, ýanyndan sazanaklaşyp geçýärler. Gorkmasa, halkyñ haly
harap, syrkawlamaklary ahmal. Halkyñ ruhy hem beden saglygy üçin
ol öz hem özüni dogran aýalyñ adyny we daşdyr demir heýkellerini
iline bolluk bilen eçilýär. Elbetde, ol muny enesi ýa özi üçin edenok,
milletiñ gelejegi üçin edýär. Hak Hudaý uzakda, ol ýedi gat asmanda, ata-baba ony görüp gelen ýok, onsoñ ondan gorkan gorkýar,
gorkmadygam pitjiñ atyp aýlanyp ýör. Diýmek, adamlara ýerde-de
205
bir Hudaý gerek, onuñ gudratyny olar dirilikde görmeli, ol: ýalkasa –
ýaz, gargasa – gyş bolmaly. Onuñ söýgüsidir ýigrenji hümmetli pulda, türme jezasynda ýa-da aýşy-eşretde ýüze çykanda, adamlar oña
has-da tiz imrikýärler. Ýöne ýerdäkini ýokarky Tañry bilen gatyşdyranlaryñ, şonuñ ýaly geçirimlidir öýdenleriñ dat gününe! Beýle
adamlaryñ ýurdunda ýumurtga togalanýar. Çünki jenap ýoldaş Prezidentiñ iş güni kadalaşdyrylmadyk, gerek bolsa, ol gije-gündiziñ
ýigrimi dört sagadyny-da garşydaşlaryndan öç almaga sarp edip
bilýär. Ýerde Hudaý bolup oturmak hem añsat hem kyn. Añsatlygy,
uzatdygyñ, islän adamyñ bokurdagyna eliñ ýetýär, kynlygy – eliñ
gana boýalýar... Emma ol öz söýgüli kärinden el çekmez, öz ykbalyndan-da nalanok, bu agyr ýüki eşek kimin mundan añrygam sojaman çeker. Ol çekmese, kim çeksin? Bu ilde öz ömrüni halk üçin
pida berjek ondan başga kim bar? Beýle adamynyñ bolmagy mümkin
däl, bolsa, onuñ ýörite gulluklary muny günübirin bilerdiler.
Bir gezek ol öler ýaly ýadady, dünýäden doýdy diýseñem boljak,
onsoñ özüne çalşyrgyç-adam edinsem diýen köýe düşdi: ”Ýerime
özüme ekiztaýy ýaly meñzeş birini oturdyp, wagtlaýynça ýeriñ teýine gidäýsem, dynjymy alaýsam näderkä?” Emma Larin kes-kelläm
garşy boldy: ”Sen ýaly ikinji adam bu dünýäde ýok, çalymdaşam!”
Ana, şonda ol çydaman, sarnady:
– Ah, ejem jan, mukaddes Gursoltan, sen meni nädip beýle ilden
üýtgeşik dogurdyñ? Bu ilde men arkasynda bukulara ýekeje-de adam
ýok, gidenje bir ýalazy meýdan! Şonuñ üçinem meniñ özbaşyma
şahsy durmuşym galmady, onki süññüm – iliñki. Men indi ýok, eje
jan! Men iliñ bagty üçin ýitýärin, daşa, demre öwrülýärin, maña garaşma! Sen bilmeli, meniñ öler aşym aw, emma tagtda uzak oturmakdan ýaña aýaklarym ysgyndan gaçdy, ýöremekden galdym, ne
çirtmek gurup bilýän ne-de duzak. Aw haýwanlary menden gutuldy,
indi güýmenjäm – adamlar. Men olara biri birine duzak gurmany
öwretdim, onsoñ özüme jinnek ýalyjagam agram salmagyñ geregi
ýok, diñe adamlaryñ arasyndaky birek-birege basdaşlygyñ, görübilmezçiligiñ, içigaraçylygyñ, gorkaklygyñ, namartlygyñ hözürini görüp oturmaly. Bu bigadyrlara seredip, men hergiz seni ýatlaýaryn,
sen nädip bularyñ içinde başyñy çaradyñ, eje jan? Wah, seniñ aýak
basan köçeleriñ, ýanýollaryñ galanlaryny-da tapyp, gözümiñ açyklygyna, olara-da seniñ mukaddes adyñy dakyp ýetişsemdim, onda ar206
manym galmazdy! Ýöne seniñ öz mübärek gadamyñ bilen ýene
haýsy ýol-ýodalary bezändigiñi men nädip bilmeli? Nädip men öz
borçly ogul ýüregimi gandyrmaly?
Bu wagt Gün guşluk ýerine baryp, daşarda howa oñatja gyzypdy.
Çöllük ýurduñ suwsuz giñişliklerinden uçup gelip, paýtagta ýygnan
guşlar jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşk bagynda jan edip jürküldeşýärdiler. Mawy zalyñ daş gapysynda dürli ýurtlardan gelen myhmanlar
kabul edilerine garaşyp, irikgä bolşup otyrdylar. Emma Larinden
yşarat bolmansoñ, hiç kes jenap ýoldaş Prezidentiñ rahatlygyny bozup bilenokdy.
– Hany meniñ ýazyjylarym?! – diýip, ol näme etjegini bilmän,
ahyrsoñunda aýaklaryny owkalap, gygyrdy. – Olary şu demde meniñ
ýanyma getiriñ, derdimi gürrüñ bereýin, meniñ aýaklarym halys
diýen edenok.
– Olar hemişe şu taýda... – diýip, Larin ýylgyrdy. – Gije-gündiz
Köşgüñ töwereginde bukdaklaşyp ýörler. Garakçydyr öýdüp, Köşgüñ saklawy olaryñ eýýäm ençemesiniñ ganyna galdy.
– Olar tükendimi?
– Ýok, bu ilde heýem bir şahyr tükenermi?! Ýarysy Köşgüñ töwereginde, ýarysy-da Diller institutynda...
– O bolmanam, çyn şahyryñ ýeri: ýa Köşkde bolar ýa-da zyndanda!
Bar, aýt, Gaşlak bilen Döwrüñ depesindäki adam derrew ýanyma
gelsinler! Ýazyjylar bolmasa, men häkimiýetden lezzet alyp bilemok.
Olarsyz häkimiýet – duzsuz tagam.
Onýança ýüzi düýäniñ dabany ýaly galyñ pyýada bilen gaşlary
gözleriniñ üstüne abanyp duran garaýagyz jortmak kişi gapydan
girip, gol gowşuryp, baş egdiler. Olary gören jenap ýoldaş Prezident
öz başyna gürledi:
– Ah, meniñ mukaddes ejem, Gursoltan, meni wasp etmelilerem,
ynha, şular-da! Bu doýmaz-dolmazlaryñ bolşuna çydamaga maña
kömek et, meni ýeke goýma! – soñra ol eline bir jübüt gaýyş ädigi
alyp, ony depesinde bulaýlap, dowam etdi: – Bu ädikleri men, gör,
haçandan bäri aýagyma geýemok! Muny geýip, atam pahyr daşary
ýurda göçe-göç eden obadaşlaryny awlamaga gatnaşypdyr, ýok, bulaşdyrdym... Atam ilki aýakýalañaç ekeni, oña Zerre-aýakýalañaç
diýer ekenler, bu ädigi-de gyzyllar oña şol gezek aw ganly bolany
üçin, rewolýusiýanyñ adyndan eçilipdirler. Mugt. Soñ kakam muny
207
geýip, obada ”halk duşmanlaryny” awlapdyr. Soñra bu ädik maña
miras ýetdi, men olary geýip, Ýokary partiýa mekdebini gutardym.
Meniñ üçin bu gaýyş ädiklerden gymmatly zat ýok, dogrusy, atababamdan maña şundan başga ullakan bir mirasam galmandyr: bir
jübüt gaýyş ädik bilen, Beýik serdarymyz Staliniñ ”Gysga kursy”.
Atamy Sibire sürgün edilenleriñ baýlygyndan ýeten emlägimiziñ
ömri uzak bolmandyr: mallarymyz, öýmüz, goş-golañ – hemmesi
atam pahyry rewolýusiýa aýratyn janypkeş gullugy üçin öz gyzyl
komandirleri atyp öldürensoñ, dargap gidipdir. Onsoñ kakam ýetim
galyp, atamyñ kesbini dowam etdiripdir, menem ýetim galan günüm
kakamyñ ýetişmedik işlerini etmegi ýüregime düwdüm. Men özümi
doga ýetimek hasap edýärin. Ýogsam näme, eýsem indi men özüme
bir jübüt gaýyş ädigi miras goýan adamlary öz ata-babam hasaplaýynmy? Bu barypýatan adalatsyzlyk ahyryn. Şol sebäpdenem meniñ hakyky atamyñ, kakamyñ kompartiýadygy köre-de mälimmikän
diýýärin. Meni ekläp-saklan, terbiýelän, adam sanyna goşan şol,
şonuñ merhemedi bilen men bu ädikleri aýagyma geýip, günümi
sanap, ösüp başladym we bu derejä ýetdim. Elbetde, men özümi dograny üçin ejem mukaddes Gursoltana baky minnetdar. Bu uly gahrymançylyk. Kommunistik emläge el urany üçin kakam Sibire gümlam iberilende, bu gaýyş ädikleri samanhanada bukup, meniñ üçin
aýap saklanam ejem, mukaddes Gursoltan. Bu meselede siziñ meniñ
tutýan ýolumy bilmegiñiz gerek – men tutuşlygyna adyl suduñ tarapynda. Goý, meniñ halkym muny berk belläp goýsun: tutuldyñmy –
gutardy! Hiç kese eglişik edilmez. Ýöne her bir maşgala, goý, öñden
gelýän rewolýusion maşgala gymmatlyklaryny nesilden nesle geçirsin. Biz rewolýusiýa sözüni, döwrüñ talabyna görä, ewolýusiýa diýip
üýtgetdik. Elbetde, meniñ bu ewolýusion ädikleri geýip, ile çykasym
gelýär, olar meni gahrymançylyga çagyrýar. Men bu eýýama köp
garaşdym, ahyry-da ol gelip ýetdi, men indi ata-babamyñ kesbini
täze döwre görä ýörederin. Eýsem, meniñ bary başarjagym günüñ
güni arap şyhlaryny, pereñ biznesmenlerini ýa-da iñlis şazadasyny
kabul etmekmidir? Ýok, maña beýik işler garaşýar, men älemi
haýran etmeli! Maña öz halkynyñ hakyny iýýär diýýänler ýalan sözleýärler, meniñ nä halkyñkydan aýry rysgalym barmy? Ýok! Elbetde,
men özüme geregimi umumy baýlygymyzdan susup alýaryn, başga
nireden alaýyn? ”Bal tutan barmagyny ýalar” diýlipdir. Isleseñiz,
208
geliñ-de, sizem meniñ barmagymy ýalaberiñ, kim size ýalamañ
diýär? Biziñ ýurdumyzda indiden eýläk – demokratiýa, meniñ barmagym hemmeler üçin umumy. Elbetde, men irde-giçde öz adatdan
daşary adamkärçiligimiñ, ýüregi ýukalygymyñ gurbany boljagymy
bilýärin, ýöne bilemde nädeýin: gan bilen giren, jan bilen çykar!
Adamlara ýagşylyk etmesem, günüm geçenok. Ýöne bäş barmagyñ
deñ bolmaýyşy ýaly, yrsgal-döwletem hemme kişä deñ berlenok, her
kim özüne ýetenini alýar, menem ýetenini alýan. Oña derek men
halka mugt kepen paýlamagy ýola goýdum, haýyr-sahawat edýän.
Diriler öz gününi görer, näme kömegiñ bolsa, ölülere etmeli, olaryñ
dawa edip, öz hakyny alyp biljek gümany ýok, onsoñ olaryñ arkasyny men tutmasam, kim tutsun? Ölüler-de meniñ raýatlarym, özi-de
halkyñ syýasy taýdan iñ düşünjeli bölegi, olar hiç haçan meniñ garşyma baş götermezler. Men olardan arkaýyn, şonuñ üçin-de olary
aýratyn sylaýan, aladasyny edýän, dogrusy, men olary dirilerden has
gowy görýän. Diriler – meniñ kellagyrym, ölüler – meniñ wepaly
dostlarym. Olar meniñ her bir başlan işimi tüýs ýürekden goldaýarlar. Bizde o dünýä bilen aragatnaşyk bölümi bar, biz öz täze kanunlarymyzy, meniñ iñ soñky kararlarymy o dünýädäki raýatlaryma täze
jaýlanýanlardan iberýäris, onsoñ o dünýädäkiler öz goldaw hatlaryny
meniñ adyma ýazyp iberýärler, olaryñ hatlary gös-göni meniñ Köşgüme gelýär, ölenlerinde adam şekilli jaýlanym üçin olar öz hatlaryny hemişe maña minnetdarlyk bildirmekden başlaýarlar. Ol hatlary
okasañ, aglap oturmaly. Ýagşylyk etseñ, bilinmejek gümany ýok,
diriler bilmese-de, ölüler bilýärler. Olara minnetdarlykdan ýaña meniñ agym tutýar, käte ýeke özüm oturyp içim içime sygman aglaýaryn. Näme meniñ öz halkyma nebsim agyrýan däldir öýdýäñizmi,
agym tutmaýandyr öýdýäñizmi? Menem adam, meniñem adam şekilli ýaşasym, gülüp-oýnasym gelýär, ýöne hany oña wagt? Ýogsa-da,
nämüçin siziñ gabaklaryñyz ýellenip dur? Sypatyñyz meniñ göwnümden turanok. Lüt bolup ýykylan ýeriñizde oglan-uşak kesekläp,
kelläñizi ýaraýmazy ýaly men size ”Hormatly il ýaşulusy” diýen
harby dereje bereýin, ondan soñkusyny mañlaýyñyzdan görüñ! – ol
jübüsinden iki sany ildirgiçli ýaldyrawuk metal bölegini çykardy-da,
hyzmatkärleriniñ döşüne dakdy. Nyşanlary dakyp durka burnuna
ýakymsyz ys urup, ýüzüni sowdy. – Nämüçin siziñ agzyñyz mydama
209
hüýpüpigiñ göti ýaly añkap dur, köksüzler, öten agşam näme işlediñiz?
– Obrazly aýdanyñda, biz uzyn gije beýik Tañrydan siziñ jan saglygyñyzy diläp çykdyk, jenap ýoldaş Prezident! – Döwrüñ depesindäki
adam obrazly burnuny çekdi.
– Tañrydan dilemeli zady özüm dilärin, sizem öz gezegiñizde –
menden dilärsiñiz. Düşnüklimi! Biwagt çak onuñ gulagyny gazap,
siz meni bujagaz günümdenem aýrarsyñyz. Onsuzam meniñ günüm
gün däl, indi maña gijeki iki sagat uky-da haram. Men öz raýatlarymdan halys ynjalamok, ýekellidigimi bilýän, ukudaky adam – ölüdir, diýmek, men ölükäm siz nädip günüñizi görýäñiz? Siziñ bu hasratyñyz ýadyma düşende, ýüregim para-para bolup, ýaşymy gaýry
ýaşaýaryn. Men sizi kime ynanyp uklamaly? Gijelerine gözüm ýaşly,
bagrym başly, men gijeleri ýigrenýärin. Men beýle jebri özümden
başga hiç kese dözmen, kime dözeýin, hemmäñizem meniñ özümiñki, şonuñ üçinem, goý, ýananam men bolaýyn, köýenem. Siz muny
bu ýerden çykañsoñyz, ile-güne ýetiriñ: men olaryñ aladasyny tä
ölünçäm ederin. Ýöne siz sypaýyçylygy elden bermäñ, resmi äheñde
bir agyz: ”Jenap ýoldaş Prezident bakydyr!” diýiñ-de gutaryñ, gepi
uzaldyp oturmagyñ geregi ýok, adamlar düşüner, olar meni ölemen
gowy görýärler. Ýöne ýaşululary üýşürip, palaw bermeli bolmagymyz ahmal... – soñ ol ýazyjylara gözüni gypdy. – Geliñ, men size
gowy görýän içgiñizden guýup bereýin. – Döwrüñ depesindäki adam
ellerini owkalap, hezil etmekden ýaña oturgyçda loñkuldanyny-da
duýmady, derrew elini uzatdy. – Ýok... – Köşk eýesi çalaja nägile
boldy, – ýörüñ, beýleki jaýa! Bu taýda gelşiksiz, gapyñ añrysy daşary ýurtly myhmanlardan doly. Jenap ýoldaş Prezident bolup işleseñ,
asyl birje minudam arkaýyn oturmak ýok, ýöne üstüñe dökülişip
durlar, men olardan halys ýadadym, göwün açasym gelýär. – ol
gymmatbaha köwşüni çykaryp, aýagyna atasyndan miras galan harby
ädigi sokdy. – Ýörüñ! Meniñ yzym bilen geçmişe tarap öñe!
Köşk eýesi pil süñkünden ýasalyp, gyralaryna altyn çaýylan gymmatbaha kürsüden özüne gelişmeýän ýeñillik bilen böküp turdy-da,
çyglyp, kürsüsini gapdala süýşürdi, soñra diwardaky äpet halyny
galdyryp, gizlin gapynyñ gulpuny açdy, ony añryk itdi. Şonda Döwrüñ depesindäki adamynyñ çala çyzlan gyzyl gyýkmak gözleri aşaklygyna gidýän basgançagy saýgardy. Olar üç tirkeşik bolup, bas210
gançakdan aşak düşdüler-de, alagarañky koridor bilen öñe ýörediler.
Birnäçe ýüz ädim geçip, üç dost ýene-de daş basgançaklardan ýokaryk çykdylar we bir alagarañky otaga gelip ýetdiler. Otagyñ içi başly-barat oklanan köne-küşül aýakgaplardan, egin-eşikden, boşan
çüýşelerden ýaña gyzyl-ýaýyrtdy. Darajyk hem bulam-bujar jaýda
öñki döwürde dynman içen arzan araklaryny görenlerinde, Döwrüñ
depesindäki adam bilen Gaşlagyñ gözleri ýanyp gitdi, soñra-da olaryñ gözlerine ýaş aýlandy. Olar edil metjide girýän ýaly deriñ-kiriñ
ysy demiñi tutup barýan bu jaýyñ gädik-gemrik bosagasyndan edep
bilen ätlediler. Jenap ýoldaş Prezident duýgudaşlyk bilen gezegine
olaryñ arkasyna kakdy. Arakdan boşan agaç gaplaryñ üstünde ornaşyp, olar mañlaý çakyşdyryp oturdylar. – Içjegiñiz arak bolsun, mende kän, alyñ hany, ine, siziñ gowy görýän granlanan bulguryñyzy-da
tapyp goýdum. – soñ ol aşagyndaky çüýşeden boşan agaç ýaşigi
jygyldadyp, Döwrüñ depesindäki adamynyñ gulagyna ýakyn egildi.
– Men bahalap gymmatlamanka, arakdan ýükümi tutup goýdum,
ýogsam indi şuny tapjak bolsañam gara görgi, il-gün nädip başyny
çaraýar, haýran galaýmaly! Neneñ meniñ olara ýüregim awamasyn,
neneñ saçym agarmasyn, bu ýurtda jenap ýoldaş Prezident bolubam
başyñy çarar ýaly däl, garamaýagyñ dagyn dat gününe. Ýöne siz
halka düşündiriñ, halk darykmasyn, bu günlerem geçer, biz baýarys,
meniñ, ynha, eýýäm her welaýatda goşa-goşadan köşgüm bar, dagyñ
eteginde-de telimsi bar eken, bilmän ýörsem nätjek. Arada maşynly
gezelenje çykamyzda görkezdiler, haýran galdym, adam aýagy sekmejek ýerde maña mermerden Köşk gurup goýaýypdyrlar, zaluwatlar, halalyñ bol-a! Tüweleme, bizde parlament, ene dilimizde nämedir oñ ady?
– Mejlis! – diýip, Gaşlak ilgezik ýatlatdy.
– Ana, şol Mejlis gowy işleýär, men öz deputatlarymdan razy. Döredijilik adamlarynyñ hemmesi diýen ýaly seniñ eliñde bolsa-da,
seniñ Diller institutyñ entek meniñ tamamy ödänok. Hany seniñ
wada beren ölmez-ýitmez halk döredijiligiñ? Hany läleler, monjugatdylar, hüwdüler, ertekiler? Siz näme meni öz wepalylygyñyz hem
söýgüñiz hakyndaky gury söz bilen bakmakçymy? Bilip goýuñ, men
siziñ çak edişiñiz ýaly geçirimli däldirin, sabrym tükenip barýandyr.
Sebäbi men bir zady gowy bilýärin: bu Köşgi-eýwanlar ýykylar, daş
ýadygärlikler owranar, demirden heýkellerim poslar, diñe edebi eser211
ler, halk döredijiligi meniñ şöhratymy asyrlardan asyrlara ýetirip
biler. Bu hakykata düşünýändigim üçin özüñiziñ häzire deñeç aç
ölmändigiñizi bilip goýuñ! Alyñ, hany, götereliñ, onda! – olar arakly
bulgurlary dik göterdiler, yzyndan ýumruklaryny ysgadylar. Jenap
ýoldaş Prezident içki joşgunyny saklap bilmän, oturan ýerinde tans
etjek ýaly ellerini ýokary galdyryp, barmaklaryny gezegine şarkyldadyp goýberdi. – Içgi diýibem, şuña aýdaýsañ, galanlarynyñ diña
ady arak, şwed Absolýuty-da munuñ ýanynda hiç zat bolýar galyberýär. Allajan, ors aragyny öz penañda aman saklaweri! Beýleki
içgileri diñe resmi banketlerde göteräýmesem, öz keýpime içemok,
aýratynam Käbä gidip gelelim bäri. Dagysyny biljek däl, ýöne aragy
gadyryny bilýän adamlar bilen içäýseñ, bu meselede men döredijilik
işgärlerine uly hormat goýýaryn. Arman, men siz bilen naharymy
bölüşip bilmen, sebäbi meniñ aşpezlerim nahary diñe bir adamlyk
bişirýärler, onsoñ men ony nädip siz bilen bölüşeýin?! Daş gulakdan
eşidişime görä, çaý bilen çöregiñem bahasy keýigiñ şahyna çykypdyr. Diýmek, halkyñ iýmiti meniñkidenem gymmat bolup çykýar,
görşüñiz ýaly, kemsinmäge, arz etmäge halkda esas ýok. – ol elindäki bulguryny ýokaryk göterdi. – Sadagasy gitdigim, bizi şundan bir
aýyrmasyn, alyñ onda, gitdik! – soñ ol ýene-de ýumrugyny burnuna
ýetirip, hopugyp ysgady-da, soñam zöwwe ýerinden galyp, otagyñ
burçuna ylgady, hüñürdäp, burçdaky köne gaplary dörüşdirdi. – Eý,
Hudaý, nä döwür, nä zamana boldy, ejem pahyr bu zatlary gören
bolsa, wagtyndan öñ ölerdi, namysjañdy pahyr, gulagy göründen
ýaña! – ol egniniñ üstaşyry jaýyñ alagarañky burçuna garşy tüýkürip
goýberdi-de, birdenem begençli seslendi: – Serediñ-ä muña, gözüñe
söweýin, ýumruk ýaly düýp sogandan birki sanysy galypdyr, alyñ,
ynha, adam başyna birini! – olar gözlerini ýumup, sogan ysgadylar. –
Ýöne muny iýip bilmeris, sebäbi başga ýok, import sogan gelýänçä
mydar etjek bolmaly, aýyplaşmañ, men sizden zadyny gysganan däl,
ýaz çykarak ýanyma geliñ, şonda biz bulary hezil edip, tamdyr çöregine ýanap iýeris, ah, ol döwürler nähili gowudy! – jenap ýoldaş
Prezident Döwrüñ depesindäki adamyny gujaklady. – Öz halkymy
çyn ýürekden söýmeýän bolsadym, eger walla, bu ýurtdan başymy
alyp giderdim! Nirede bolsamam, şunça ýaşajagymy bilýän, meni
wezipe ýa-da gymmat bahaly sowgatlary almak üçin jenap ýoldaş
Prezident bolandyr öýdýänler ýalñyşýarlar, men olary halamok, şo212
nuñ üçinem beýle adamlaryñ ýene-de näçesiniñ galandygy bilen-de
gyzyklanamok. Beýleki tarapdan seretseñ, eger hiç kim maña gymmat bahaly sowgat etmese, onda men nähili jenap ýoldaş Prezident
bolýarmyşym?! Ýöne meniñ iñ gymmatly sowgadym – öz mähriban
halkym! Men öz halkymy gaýyş ädiklerim, aw tazylarym ýaly eý
görýärin! – ol aýasyny ediginiñ gonjuna şarpyldadyp urdy. – Ýok,
meniñ ýüregim çydanok, men irde-giçde öz söýgümiñ güýjünden
ýüregim ýarylyp ölerin! Ýöne indi meniñ mundan artyk siz bilen
samahyllaşyp oturmaga wagtym ýok, işim kän, gapyda hytaýlylar
ýa-da arap şyhlary gözlerini ýyldyradyp oturandyrlar, wagtynda kabul etmesem, olaryñ keýpi gaçar. Dogrusy, men olaryñ aýal adam
ýaly başbogularyny süýräp ýörüşlerini halap baramok, halys ýürege
düşýärler. Ýöne zaluwatlañ elleri göni, gulan-keýik ýa-da guşgumursy bolup, olaryñ öñünden gaçan özüñ bolma, amanyñyzamanyñy berjek gümanlary ýok. Bu gidişine gitse, olar çölde janlyjandar goýjak däller, asyl meniñ gaýgymy edýäne meñzänoklar,
öñünden çykan jandary gyr-ýapyr edip barýarlar. Haýwan gutarsa,
men bu ýurtda näme işlemeli? Siz bilýäñiz-ä, meniñ öler aşym aw!
– Olara: ”Biziñ keýiklerimiziñ hemmesini gyrmañ!” diýip bolanokmy?
– Onda maña gyzyl puly kim bersin, senmi, it ogly? Ýa-da jenap
ýoldaş Prezident bolup otursañ, islän kişiñe islän soragy beribermelidir öýdýäñmi? Beýtseñ, ömrüñ jyzlanyñky ýaly bolaýmazmy? Baş
egmeseñ, baş egdirip bilmersiñ. Durmuş gazaply zat, diri galmak
üçin gündelik göreşmeli: ýuwutmasañ, ýuwudýarlar. Men bir gezek
hut özüme klizma goýmaly boldum. Goýdum. Diri galdym. ýogsam,
kim bilýär, süñklerim haýsy öwlüýäde çüýrärdi. Ýok, dogrusy, men
özümiñ jenap ýoldaş Prezident boljagymy çagalygymdan bilýärdim,
sebäbi men ony bäş ýaşymdakam düýşümde gördüm. Şonuñ üçinem
kime hyzmat etmeli bolsa-da, ýokuş görmedim, ahyrsoñy haklaşjakdygymy bilýärdim...
Duýdansyz ýerden Döwrüñ depesindäki adamynyñ çakyr horruldysy çykdy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ muña gahary geldi.
– Bu gäbi azana seretsene, sorag berip, jogabyny diñlemäge-de
ýaranok. Mähriban tebigatýñ goragçysy, halkyñ arkadaýanjy! Näme
diýsene, sen bu peşmege-de Diller institutyndan ýer taýynla. Bu özüni hamana ýazyjydyryn öýdýär, arak köküni gulkudyp, horlap ýatyr,
213
işigaýdan. Menden soñ hiç kese guýrugyny bulamaz ýaly ätiýaçdan
bir aýagyny-da kes bu zaññaryñ. Sowet hökümediniñ mürdüni iýip,
Lenine, Staline wepa bermedik, maña-da wepa bermez.
– Buýruk ýerine ýetiriler! Onuñ işini gaýtarmaly! – harbylarça
ýerinden turan Gaşlak gyllygyny akdyryp, horlap ýatan Döwrüñ
depesindäki äpet adamy arkasyna alyp, ýegşerilip ädimledi. Emma
göterilýäniñ aýaklarynyñ ýerden süýrenip barýandygyny gören jenap
ýoldaş Prezident başyny ýaýkady.
– Ýok, sen ony häzirlikçe burça taşla, soñ äkidersiñ, garañkyda.
Adamlary Diller institutyna Köşgüñ töwereginden gönümel äkitmek
bolmaz, munuñ üçin bazarlar, köçeler, edaralar bar. Ýöne adamlary
tutmagyñ iñ göwnejaý ýeri – olaryñ öz öýleridir! Şonda görenleriñde, görmedikleriñ-de gözi gorkar we göwnüne güman gider: ”Aýagyny gyşyk basan ýeri bardyr” diýerler. Onsoñam, meniñ diýenimi
etseñ, Lariniñ mülküne aýagyñy sekme, çöregiñden kesilersiñ. Bütin
ýurt seniñ eliñde, başyñy çarajak bol! – ol Döwrüñ depesindäki adamynyñ üstüne köne güpjegini atdy-da, ýene Gaşlaga ýüzlendi. – Sen
rezin şarpyldawuk bilen ýüregedüşgünç güýz siñeklerini öldürip
görüpmidiñ?
– Ýok, men olary awy bilen gyrmany gowy görýän...
– Seniñ zehiniñ köpçülikleýin gyryş ýaragyna ýykgyn edýär. Geljekde seni Goranmak ministri edip bellemeli bolsam gerek. Ýöne
ýeke-ýekeden öldürmäniñ-de öz keýpi bar, sen her bir pidanyñ janyny aýratyn alýarsyñ. Onsoñam, gyzygyna düşseñ, siñegiñem beýleki
aw haýwanlaryndan tapawudy ýok, bir kemi – iýip bolanok, meniñ
azabym şonuñ üçin harama çykýar. Eger seni aw eti bilen baksam
niçik görýäñ? Bu pikiriñ meniñ kelläme öñräk gelmeýişini diýsen-e!
Indiki hepde ikimiz awa çykarys, özüñi gowuja seýis-le, iküç gün zat
iýme, ýogsam ögärsiñ.
– Elbetde... – Gaşlak ýüzüni ýakymsyz ajydyp, guraksy ýuwudynda. Onuñ ähli içen aragy tasdanam duran ýerinde paglap yzyna
gaýdypdy, zordan saklandy. – Iriräk haýwan awlasak işdäliräg-ä
bolardy...
– Awçy iri bolsa – boldugy, aw nähili bolanda nä? Ikimizem hezil
ederis: aw keýpi-hä meniñki, eti-de seniñki. Ikirjiñlenýän bolsañ aýt:
ýa men adalatsyzmy?
214
Gaşlak bokurdagyna gelip dykylan gusugyny itinip ýuwutdy-da,
ýüzüni garaört edip, wepaly seslendi:
– Hudaý saklasyn, heý, menem beýle pikir ederinmi! Hemmesi edil
bolmalysy ýaly, jenap ýoldaş Prezident! Siz nämäni awlasañyz, şol
hem meniñ üçin keýigiñ etidir!
– Menem şu pikirde. Gör, indi ikimiziñ pikirimiz niçik deñ gelýär!
Emma ýadyñdamy, ir döwürde sen meniñ üstümden gizlin edara
maglumat bereniñde: ”Ol şeýle bir nalajedeýin, hatda siñegi-de öldürip bilmez” diýen ekeniñ. Ine, indi meniñ siñek öldürip bilýän wagtym geldi, muña sen guwanman, kim guwansyn?
– Men ony ýagşy niýet bilen diýipdim, ol bir ýöne degişmedi... –
ýüregi bulanmakdan ýaña halys haýy gaçan Gaşlak reñkini agdyryp,
pyşyrdady.
– Belki, şeýledir. Ýöne partiýanyñ çür depesinde oturanlaryñ içinde
degişmä düşünjegi bardyr öýdýän bolsañ, onda bu seniñ öz akmaklygyñ. Seniñ ol awuly diliñ tasdanam meniñ syýasy karýeramyñ işini
gaýtarypdy. Larine bu meseläni düzetmek añsat düşmändir.
– Meniñ günämi ötüñ, galan ömrüm sizden...
Onuñ hökümli gürrüñdeşi awuly gülümsiredi.
– Näçe ömrüñ galandygyny sen nireden bilýäñ, myrryh?!
Gaşlak jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagyna ýykyldy.
– Ýaşan günüm seniñ wepaly guluñ bolaýyn, rehim et!
– Bu akmagyñ diýýänine seret, wepasyz gulam, heý, ýaşarmy! Ýeri,
tur ýeriñden halymsyrama, men seniñ içiñde näçe tezegiñ ýatandygyna belet. Gowusy sen meniñ gepime gulak as, gel bärik! – Jenap
ýoldaş Prezident Gaşlagy ýykyk jaýyñ hoñkaryp ýatan aýnasynyñ
ýanyna çagyrdy, oña iki agyz ýüregini dökdi: – Sen bu harabanyñ
meniñ ýykdyran ýadygärliklerimden näme tapawudynyñ bardygyny
bilýärmiñ?
– Köne ýadygärlikler paýtagtyñ görküni gaçyrýar...
– Gör, sen nähili düşbi bolupsyñ. Bilip goý: ýadygärlikler menden
başlanmaly. Yrym üçin täze Köşgümiñ düýbüni munuñ kerpiçlerinden tutdurdym. Seniñ wezipäñ – bu jaýy folklora girizmek! Bu haraba meniñ üçin mukaddes! Sebäbi ýumruk ýaly çagakam ejem, mukaddes Gursoltan öz eli bilen getirip, meni bu Ýetimhanada taşlap
gidipdi: ”Sen şu taýda oýnaber, men derrew gelerin!” diýdi. Menem
oña ynandym. Şondan bäri-de oña garaşyp ýörün, ol bolsa henizem
215
gelenok… Ah, meniñ ejem, mukaddes Gursoltan, haçan sen gelip,
meni töweregimdäki bu aldajylaryñ elinden alarsyñ, haçan men seniñ
dyzyñda arkaýyn ýatyp ukymy alaryn?.. Daşym her demde meni
düýt-müýt etmäge taýyn ýyrtyjylardan doly, olaryñ meniñ üstüme
haçan towusjagy belli däl: ýuwudanym özümiñki, çeýnänime – ynam
ýok! – jenap ýoldaş Prezident ýüzüni tutup, möññüripler aglady,
ýeke galyp, itiñ art aýagyndan suw içmeli bolan günlerini ýatlady,
erbet hapa boldy. – Gören ähli horluklarym üçin ejemiñ birje gezek
başymy syparyna garaşýan. Başga hiç kim, hiç zat meniñ bu ölümlik
derdimi egsip bilmez!
Jenap ýoldaş Prezident gyzyl gözleriniñ ýaşyny süpürip, edil hinine
giren kör alaka deýin harabanyñ içinden ýeriñ teýine gidýän basgançakdan aşak sümlüp gitdi. Gaşlak-da salpy gulak it kimin señkildäp, öz hojaýynynyñ yzyndan garañkylyga sümüldi. Olar tirkeşip,
aşak düşdüler we Köşk bilen köneden galan Ýetimler öýüniñ harabasyny birleşdirýän gizlin geçelge bilen gelen ýerlerine ugradylar. Soñra Köşgüñ aşagyna gelip, dik ýokarlygyna dyrmaşdylar, gizlin gapydan gelip, diwardan asylan agyr el halysyny galdyryp, alagarañky
ýerzeminden gös-göni Köşgüñ Mawy zalyna ätlediler. Jenap ýoldaş
Prezident özüni pil süñkünden ýasalan owadan haşamly zerli kürsä
atansoñ, ýakynyndaky düwmäni basdy. Gapyda görnen uzyn
köýnekli garagözelek ýaş gyzda nazaryny durlady, oña uzak wagtlap
seretdi, gyz agaç ýuwudan ýaly bolup galdy, arasynda eýlesinebeýlesine garanjaklap dynjyny aldy, hat-da beýlesine öwrülip, bildirmän, ýuwaşjadan pallamaga-da ýetişdi, emma sorag bermäge milt
etmedi. Onsoñ ol ”indi-hä wagty bolandyr-da?” diýen ýaly bir elini
ýokaryk galdyryp, howada iki ýana galgatdy. Pil süñkünden ýasalan
zerli kürsä çümüp oturanyñ ýüzüne dykgat edip, onuñ gözleriniñ
üýtgemeýändigini bilensoñ, bu ýagdaýa düşüş bolan sekretar gyz,
süýem barmagyny dodagyna eltip, Gaşlaga ”ýuwaş!” diýen yşaraty
etdi-de, goñur agaç mebelleriñ biriniñ çekerini çekdi, ondan çykaran
gurama körpençesi bilen hojaýynynyñ aýaklaryny örtdi, ýapon sowudyjylarynyñ işini sazlap, kabulhananyñ daşky otagyna çykdy. Ol
ýerde onuñ näzik sesi hökümli ýañlandy:
– Kabul edişlik ýene-de dos-dogry iki sagatdan başlanar. Ilki Demirgazyk bilen Günorta, soñra arap şyhlary, soñ etniki we syýasy
dogan-garyndaşlarymyz girmeli. Demokratik ýurtlar soñ bir gün, bu
216
hepde jenap ýoldaş Prezidentiñ keýpi ýok. Hawa, tas ýadymdan çykan ekeni, wagt galsa, öñki doganlarymyz-da kabul ediljek. Sowgatly gelenler adyny aýratyn ýazdyrsynlar! – soñra ol myhmanlaryñ
öñüne düşüp, olary Köşge aýlamaga, jenap ýoldaş Prezidentiñ beýik
işleri bilen tanyşdyrmaga alyp gitdi. – Görýäñizmi? – diýip, az wagtdan onuñ sesi koridordan geldi, – bu suratda siz jenap ýoldaş Prezidentiñ çagalygyny görýärsiñiz. Ol entek üç ýaşyndaka halkyñ aladasyny edip ugrapdy. Emma onuñ ejesiniñ ýatlamalaryna görä... ine,
onuñ mähriban ejesi paýtagtyñ köçeleriniñ biriniñ gyrasynda ýaşaýyşa umytdan doly gözlerini balkyldadyp dur, bu wagt onuñ küýüniñköçesiniñ halkymyza mynasyp jenap ýoldaş Prezident dogrup bermekdigini soramazdan bilse bolýar – gyz saralan köne suratdan bäriligine gözlerini çerreldip duran, ýañaklary emelsiz gyzardylan dodakman aýala görkezme taýajygyny uzatdy. – Jenap ýoldaş Prezident
entek emme bäbekkä: ”Halky nädip bagtly etmeli?” diýen oýa batypdyr. Ol bu pikirinden häzire deñeç-de el çekenok, ony üstünlikli
ösdürýär. Biziñ halkymyzy ýaşadýan – jenap ýoldaş Prezidentiñ
çäksiz arzuwlaryna bolan tükeniksiz ynamdyr!
Bu wagt Köşgüñ arka ýüzünden gelen Larin basgançaklardan sessiz
basyp ikinji gata çykdy-da, içki gapydan Mawy zala girdi. Ol daşary
ýurtly myhmanlary kabul etmek üçin gerek boljak taýynlyklary görenden soñ, jenap ýoldaş Prezidentiñ eliniñ aşagyndaky düwmäni
basdy. Folklorçynyñ bady bilen gapydan gelen sekretar gyz onuñ
gaşynda edepli baş egdi.
– Bellenen tertipde myhmanlary kabulhana goýberiñ!
Ilki bolup gapydan Demirgazyklylar girdiler. Olar iki adamdy. Gelişlerine Larin bilen garsa gujaklaşdylar, olaryñ biri:
– Bu ýurtda seniñ ýüregiñ gysanokmy? Ne söz azatlygy bar, ne-de
demokratiýa. Gazy, nebti bolmasa, bir günem durarlyk ýok. Bu taýda
adam ýaşaýana meñzänok – diýdi.
Onda beýlekisi:
– Bu ýerde adamlar ýaşanoklar, olar diñe öz hökümdarlaryny wasp
edýärler! – diýip degişdi.
Larin Gaşlaga gözüniñ gyýtagyny aýlap, ýüzüni çytdy.
– Size söz azatlygydyr demokratiýa gerekmi ýa-da gaz, nebit?
217
– Elbetde, gaz bilen nebit! – diýşip, Demirgazyklylar deñje seslendiler. – Söz azatlygy bilen demokratiýa biziñ özümizde weşeñweşeñ!
– Onda gepleşige başlabereliñ. Siz taýýarmy?
– Muny oýarmarysmy? – Demirgazyklylaryñ baştutany ikirjiñlenip,
zerli kürsä garşy barmagyny çommaltdy.
– Tas ýadymdan çykan ekeni, elbetde...
Ol jenap ýoldaş Prezidentiñ üstünden gurama şahy körpençäni çekdi, jübüsinden çykaran gutusyny açyp, onuñ ýüzüni-gözüni atyr ysly
çygly kagyz bilen süpürdi. Stoluñ üstünde taýynlanyp goýlan demli
çäýnekden zerli käsä gyrmyzy çaýdan guýdy-da, agzyna tutdurdy.
Jenap ýoldaş Prezident gyrmyzy çaýdan ýogyn-ýogyn owurtlap,
myhmanlara gözlerini manysyz mölertdi.
– Bular kimler? Çaý gowy demini alypdyr. Men näçeräk irkildim?
Ýurt ümsümmi? Dälihanalar, zyndanlar niçik? Olara wagtynda iýmit
eltilýärmi? Başgaça pikirlenýänleriñ birjik-de kem zady bolmaly
däldir: ähli zerur zatlary kameralaryna eltip duruñ!
Gaşlak:
– Diýşiñizdenem beter ederis! – diýip, jogap berdi-de, kabulhananyñ gapysyndan añrylygyna boýnuny uzadyp, özüniñkilere berk
tabşyrdy: – Eşitdiñizmi? Ýerine ýetiriñ!
Tabşyryk alanlaryñ ädikli aýaklarynyñ güñleç dükürdisi Köşgi ýañlandyrdy. Lariniñ sesi adatdan daşary mylaýym çykdy.
– Jenap ýoldaş Prezident, görşüñiz ýaly, ynha, siz bitarap döwletiñ
ýolbaşçysy hökmünde iñ ýakyn strategik arkadaşymyz, beýik Demirgazyk goñşymyz bilen resmi gepleşiklere başlaýarsyñyz.
– Ýok! – diýip, Köşk eýesi birdenkä öýkeli aýtdy. – Her öñýeten
bilen gepleşik geçirmäge meniñ wagtym ýok. Goý, olaryñ jenap
ýoldaş Prezidenti gelsin!
Larin başyny ýaýkap ýerinden turdy-da, onuñ ýanyna baryp gulagyna pyşyrdady.
– O nämüçin seniñ wagtyñ ýok? Sen näme bir ýere atlanýañmy?
Entek günortana çykmaga wagt kän. Ýöne bu gepleşik başa barmasa,
banket bolmaz, sen näme ýadyñdan çykardyñmy? Men saña öñ näçe
gezek düşündirdim, çaga ýaly, bolgusyz ýerde hötjetligiñe tutma,
meñ bilen işleşjegiñ çyn bolsa, bu häsiýetiñi goý! Onsoñam sen oýun
etme – diýip, onuñ gulagyna has ýakyn egildi we semiz gyzyl ýüzli
218
myhmana barmagyny uzatdy, – Bu oturan kişi ullakan bir edaranyñ
Prezidenti. Onuñ bilen gürleşseñ, näme armanyñ bar? Kesirligiñi
goý!
– Hawa, – demirgazyklylaryñ baştutany söze başlady. – Biz siziñ
tebigy gazyñyzy mümkin boldugyça arzan almakçy.
– A siziñ muña mümkinçiligiñiz barmy? – jenap ýoldaş Prezident
gözlerini owkalap, öz söýgüli kürsüsinde oýkandy.
– Elbetde...
– Elbetde! – Larin onuñkyny tassyklady. – Bularda mümkinçiligiñ
uludygyny senem bilýäñ, menem, mönsüremek nämä gerek? Onsoñam bular bizi asmana çykarmakçy. Biz bilen al-asmanda Asyryñ
Kontraktyna gol çekişmekçi.
– O nähili? – jenap ýoldaş Prezident haýran galdy.
– Nähilesi ýok. Seniñ bu günki öiş günüñe bagyşlanan telegepleşigiñ birinji bölümi gutaran badyna bileje daşaryk çykyp, Köşgüñ depesinden asylyp duran aýlampaçly uçara müneris, şol ýerde-de Asyryñ Kontraktyna gol çekersiñ. Bilip goý, henize çenli al-asmanda
Asyryñ Kontraktyna gol çeken ýok. Sen birinji. Seniñ nä adamzat
taryhyna giresiñ gelenokmy?
– Giresim gelýär! – jenap ýoldaş Prezident begençli seslendi.
– Onda näme näziñi artdyrýañ? Onsoñam bilip goý – Larin sözüni
hasam berkitdi: – seniñ ýerliksiz soraglaryñ bankedi gijä goýup biler.
Sen näme bankedi halañokmy?
– Ýok, ýok! – jenap ýoldaş Prezident gyssandy. – Mende beýle
pikir ýok, nahar wagtyny üýtgedip bolmaz, meniñ süýjülik keselim
bar ahyryn, iýmeli wagtymy geçirsem, hudaý saklasyn, kim bilýär
onuñ yzy nämä ýazjak?! Men öz Köşgümde düzgün-tertibiñ bozulmagyna ýol bermen, goý, muny hemmeler bilip goýsun!
– Ine, munyñ başga gep... – Larin ýylçyr mañlaýynda bulduraýan
goşa damjany elýaglygyna basyp-basyp siñdirdi-de, bilini ýazdy. –
Onda men häzir telewideniýäni bu ýere çagyrmazdan öñürti hemme
zady başdan-aýak gözden geçirmek isleýärin. Onda häzir kada
boýunça myhmanlar ýañadandan gapydan ýylgyryp girýärler. Hormatly Prezident, öz delegasiýañyza baş bolup, ýañadandan gapydan
giriñ! A siz bolsa, – ol Köşgüñ eýesine ýüzlendi, – siz bolsa, hemişekiñiz ýaly olary ýylgyryp, gapyda garşylañ. Bu ýerde başarmaz ýaly
hiç zat ýok, siz munuñ hötdesinden gelýäñiz, hany turuñ ýeriñizden!
219
Ýoldaş Prezident, siz gapa! Jenap ýoldaş Prezident, siz bolsa, olara
garşy ýylgyrmak bilen! – Larin edil ökde kinorejisser kimin, olaryñ
her ädimini ölçäp, ýöredip gördi. – Ajap! Indi telewideniýäni, jurnalistleri çagyrýan, taýyn boluñ! – emma gapa tarap ýöräberende, birdenkä surat alynjak ýerde gür gaşlaryna bukulyp çugutdyryp oturan
Gaşlaga gaýtadan gözi düşdi: – Ýogsa-da, Köşkde bu näme işleýär?
– ol jenap ýoldaş Prezidentden berk sorady. – Diller institutynyñ
direktory beýdip göze dürtülip ýörmeli däldir.
– Ýok, ol bu ýere häzir ýazyjy hökmünde geldi. Könäni ýatlaşdyk.
– Bu halkyñ içinde düýä münüp hiñlenmedigi ýa-da öz keýpine
goşgy düzüp märeke güýmemedigi barmy? Onsoñ olaryñ haýsy birini siz Köşge saljak, eklejek? Ýüz berseñ, ýüzin düşýärler. Añyrdan
ýöne bosuşyp gelýärler. Özleri-de, zeý suwy ýaly, Köşgi öwgi bilen
ýykjaklar. Elbetde, siz bularyñ birini-ýarymyny getirip, göwün açarlyk goşgy okadyp bilersiñiz, isleseñiz tansam etdiriñ, ıöne duıgularyñyz hetden aşmanka, jynsyna seredeweriñ, ýogsam ýazýan goşgularyny diñläb-ä, bularyñ jynsyny bilmek kyn... Ýalñyşmaýan bolsam,
bu oturan erkek jynsyna degişli bolmaly. Hany, üfle! Tüf... seniñ bir
diýsäni, erkek ýaly... agzy hüýpüpigiñ göti ýaly añkap dur! Häziriñ
özünde Köşkden çyk! Ýok, dur entek, indi giç! – Larin kellesini tutdy. – Indi giç, girelgede daşary ýurt jurnalistleri üýşüp durlar. Gowusy biz saña bir rol bereli. Sen bu gepleşige gatnaşyp, jenap ýoldaş
prezident Demirgazyk goñşymyza gazy öñküsinden iki esse arzan
bermek baradaky Şertnama gol çeken dessine ýazyjylaryñ hem bütin
halkyñ adyndan oña ullakan gül dessesini gowşurarsyñ, düşnüklimi?
Ine, indi hemme zat ýerbe-ýer bolaýdy öýdýän, Prezidentler bar,
möhüm şertnama gol çekiljek, halkyñ wekili tapyldy... Onda başladyk!
Larin dözümli ädimläp, gapa ýöneldi, yzda galanlar üst-başlaryny
düzedişdirdiler. Gapy açyldy, Köşgüñ ullakan baý otagyna jurnalistler örän ätiýaçlylyk bilen boýunlaryny uzadyşyp garaşdylar, emma
biri-de içeri girmäge milt etmedi. Diñe Lariniñ ýörite çakylygyndan
soñ olar reportajçynyñ häsiýetine gelişmeýän aýratyn salykatlylyk
bilen baş atyşyp, salam berşip, tertipli ýagdaýda kabulhana girdiler.
Surat alyjy enjamlar gurlup, çyralar ýakylanda, golçekişlik dabarasy
başlandy. Emma telewideniýeçiler jenap ýoldaş Prezidentiñ ýüzünde
ýag gatlagy lowurdaýar, ”Efirde bu onuñ görküne zyýan beräýme220
sin?” diýip howatyrlandylar. Surata almak bes edildi, dörän kynçylygyñ çözgüdi gözlenildi. Demirgazyklylar jenap ýoldaş Prezidente öz
grimçileriniñ hyzmatyny hödürlediler.
– Ýok, biziñ öz grimçilerimiz gelsinler. Biz bu ugurdan öz doly
garaşsyzlygymyzy yglan edýäris! – jenap ýoldaş Prezident kejirlik
etdi.
– Haçandan bäri beýle dokmäde bolduñyz?! – diýip, Demirgazyklylaryñ baştutany edil teatr sahnasyndaky ýaly çete ýañsyly hüñürdedi.
– Biz ony öñ yglan etdik, emma entek öz grimçilerimiz ýetişenok. –
diýip, Larin ony köşeşdirdi. – Ýöne biz olardan seni milli äheñde
grimlemegi haýyş ederis. Olar muña ökdedir, bu ugurdan birnäçe
asyrlyk tejribeleri bar, onsoñam bu olaryñ özüne-de bizçe gerek,
olaryñ nä ikimiziñkiden aýry bähbidi barmy?
Şondan soñ ýat ýurduñ grimçileri jenap ýoldaş Prezidentiñ keşbini
telegörkezişe ýararlyk derejede timarlamaga girişdiler. Bu iş kän
wagt almady, derrew boldular. Telewizion kameralar gaýtadan işe
girişdiler. Iki Prezident garsa gujaklaşyp, şertnama gol çekişdiler,
soñ ýene gujaklaşyp, ýene örüşdiler. Soñra telekameralaryñ öñünde
üçünji gezek bu hereketleri ýalñyşsyz gaýtalap, ýazga arassa düşdüler.
– Men häzir al-asmanda öz halkymyñ ýagty gelejegi üçin Asyryñ
Kontraktyna gol çekjek! – jenap ýoldaş Prezident dabara bilen yglan
etdi.
– Menem! – Demirgazygyñ tebigy gaz söwdasynyñ Prezidenti gysgadan dabaraly duýdurdy.
Onsoñ taraplar Köşgüñ depesindäki meýdança çykyp, ýokarda gütürdäp asylyp duran aýlampaçly uçaryñ merdiwanyna dyrmaşyp
ugradylar. Jenap ýoldaş Prezident ilki götinjeklejek boldy:
– Ýok, ýok, men beýle ýokaryk dyrmaşyp bilmerin!
– Bilersiñ! Men seni ýokaryk iterin! – Larin elinde baryny etdi. –
Dyrmaşyber!
Basym olar uçaryñ kabinasynda ýitirim boldular. Ýere dolanyp
gelenlerinde, Larin kameralaryñ öñünde halkyñ wekili Gaşlaga söz
berdi.
– Jenap ýoldaş Prezident! Bu bark urýan ter-tämiz gül dessesini
bütin halkymyzyñ, aýratyn-da onuñ döredijilik işgärleriniñ adyndan
kabul ediñ! Biz size guwanýarys, biz siziñki, siziñ ýazyjy221
şahyrlaryñyz, siziñ adyñyz bilen ýatyp-turýarys, siz biz üçin edebiýat, kitap, depder, galam, kagyz. Siziñ döwlet şertnamalaryna gol
çekmegiñiz bizi has-da ruh... gije-gündiz...
– Men telewizorda nähili görünýän, gowumy? – diýip, jenap ýoldaş
Prezident onuñ gepiniñ arasyny ýolup, telejurnalistlerden ynjalyksyz
sorady. – Gerek bolsa, men öz kärdeşimden haýyş edeýin, biz dokumente ýañadandan gol çekişeli ýa-da ýañky görnüş efire ýararmy?
– Hemme zat gül ýaly! – diýip, telewizorçylar baş egip jogap berdiler. – Bu gün agşam özüñizi telewizorda görüp, hezil edip bilersiñiz.
Biz sizi esasan iri hem orta planda aldyk, myhmanlaryñ grimçileri
işine ökde ekeni, sap iri planda görkezse-de boljak, owadan hem
adatdan daşary ynandyryjy düşýäñiz. Siziñ bu günki duşuşygyñyz
taryhyñ üstüne altyn harplar bilen ýazylyp dur!
– Siz meni utandyrdyñyz – diýip, jenap ýoldaş Prezident, çym gyzyl bolup seslendi. – Onda siz ätiýaçdan bu ýazyjynyñ men baradaky
çykyşyny daşarda baglaryñ, guşlaryñ arasynda ýazyñ-da, ony duşuşygyñ arasynda içki hekaýat görnüşinde telegörüjilere ýetiriñ, şonda
gepleşik has şüweleñli bolar. Baryñ onda, iş bilen boluñ, bu taýyny
indi meniñ özüm oñararyn! – soñra ol Gaşlaga barmagyny çommaltdy, – Bar, Döwrüñ depesindäki adamyny-da al-da, daşarda guşgumursylaryñ, gülleriñ arasynda birsalym gepläñ! Ýöne sen ol haramzada tä ýazgy gutarýança çig suw bermegin, ýogsam gusar. Ýadyñdamy, geçen ýyl içip-içip, goñşy ýurduñ myhmanhanasynda balagyny pohlap zyñyp gaýdyşy? Biz goñşy ýurda gaznadan ullakan
jerime tölemeli bolduk, tas halkara ýagdaýyny pohlapdy, zaññar. Sen
oña näme diýdirjek bolsañ, şu gezek diýdir-de, soñ kölege ýaly bolup
ýörmesin, ýygna. Ýöne ýolda-yzda onuñ hiç ýerini ganatmagyn,
gany durmaz, onuñam süýji keseli bardyr.
Gaşlak birsalymdan garader bolup, gizlin gapydan Döwrüñ depesindäki adamyny arkasyna alyp çykdy. Göterilýäniñ aýaklary ýerden
süýrenip barýardy. Muny gören jenap ýoldaş Prezident başyny ýaýkap, hyrçyny dişledi.
– Bular hiç haçan başyny çarajak millet däl, seret bulañ biri birini
göterişine! – soñra ol gaz edarasynyñ Prezidentine ýüzlendi. – Ýeri
bolýar, nätseler şeýtsinler, ”Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa – habarym!” Bu ýurtda öz başyñy çarasañ-da az däl, hany sen, aýt, meni
222
siziñ ýurduñyzyñ telewideniýesi görkezermi? – Görkezseñiz, erbed-ä
bolmazdy.
– Hökman görkezeris. Sebäbi täze ýyl biz siziñ çig mallaryñyzy
mundan-da arzan almagy göz öñünde tutýarys. Dünýä bazarynda çig
malyñ bahasy ýyl-ýyldan ýokarlanýar, diýmek, siziñ goñşy ýurtlaryñ
telewizorlarynda görünmek şansyñyz-da gitdigiçe artýar. Öz halkymyzy gowy ýaşatmak biziñ borjumyz.
– Meniñ ýurdumda-da adamlaryñ gapysynda ne bir göleli sygry bar,
ne-de aýagulagy. Ýöne men muny ilkibaşda wada beren ekenim,
soñra bu meniñ gulagyma degdi. Muny diýýänler rugsatsyz ýalan
sözlejeklerden däl. Men olara ynanýan. Şondan soñ men toba edip,
Mekgä zyýarata gidip geldim.
– Görýäñizmi?! – diýip, onuñ gürrüñdeşi begençli gygyrdy. – Biziñ
umumy bähbitlerimiz kändir: hemmämizem musulman, hemmämizem hristian! Biz siziñ suratyñyzy hökman telewizorda görkezeris.
Bu meselede siz bize bil baglap bilersiñiz!
– Ýene-de bir zat... – diýip, jenap ýoldaş Prezident sagyndy, Larine
yşarat etdi. Larin dessine goñur mebeliñ ullakan çekerini açdy-da,
ondan ullakan bir düwünçegi getirip, jenap ýoldaş Prezidentiñ öñünde goýdy. – Ine, kyn görmäñ-de, bu sowgady meniñ aýalyma, çagalaryma gowşuryñ. Goý, olar meni gaýgy etmesinler, bu ýerde meniñ
günüm gowy geçýär. Hudaýa şükür, kem zadym ýok.
Delegasiýanyñ ýolbaşçysy duşuşygyñ protokol dokumentlerini
açyşdyryp, gaýtadan ser saldy. Soñra hoşniýetli seslendi.
– Elbetde... Bu ozaldan protokolda ylalaşylan, sowgatlaryñyzy
äkitmek biziñ borjumyz. Aýalyñyz we çagalaryñyz sizi söýýärler.
Protokolda şeýle diýlip ýazlypdyr. Diýmek, siz muña ynanyp bilersiñiz.
Jenap ýoldaş Prezident ýerinden turdy, onuñ sesi dabaraly çykdy.
– Men bagtly! Meniñ söýgüli aýalym, çagalarym maña salam iberip
durlar. Eýsem maşgalabaşy üçin mundan uly niçik bagt bolup biler?
Eýsem, bu olaryñ meni ýatlaryndan çykarmandygynyñ alamaty dälmidir?!
– Elbetde... – diýip, Demirgazyklylar Protokola görä örän adamkärçilikli jogap gaýtardylar.
– Onda näme, jenap ýoldaşlar, ýörüñ banket zalyna geçeliñ!
223
– Ýok, jenap ýoldaş Prezident – diýip, Demirgazyklylaryñ gyzyl
ýüzli baştutany başyny ýaýkady. – Gapyda siziñ Günorta goñşyñyzyñ delegasiýasy, ýagny mor sakgallylar garaşyp otyrlar. Biziñ yzymyzdan siziñ gezegiñiz diýip, biz Injilden ant içdik. Ýogsa-da, ynha,
siziñ Injil paýyñyz, alyñ, nesip etsin, bulap siziñ güýjüñize güýç
goşar!
Demirgazyklylar banket zalyna geçen dessine jenap ýoldaş Prezident Larine şeýle diýdi:
– Olar ýene Gurhan getirendirler, men olara belet boldum. Wagt
ýitirmäliñ, telewideniýeçiler gelsinler, hiç hili taýynlyk, repetisiýa
gerek däl, ugrubir ýazaly, men ajygýan!
Larin daş çykdy-da, mor sakgally dört adamyny yzyna tirkäp Mawy
zala gaýdyp geldi. Egninde telewideniýäniñ enjamlary asylgydy. Ol
myhmanlardan ozup gaýtdy...
– Jenap ýoldaş Prezident, edil şu wagt daşarda siz barada nobatdaky
köpseriýaly film surata düşürilýär. Köşk jurnalistleriniñ hemmesiniñ
işi kekirdekden, olaryñ syrtyny gaşamaga eli degenok. Bu taýdaky
reportajy özümiz taýynlamaly boljak: men wideokamerany işledeýin,
sen özüñ alypbaryjy bol, derrew dynarys. Al, mikrofony!
Jenap ýoldaş Prezident eline tutdurylan mikrofony aldy-da, ýüzüniñ
ugruna gepläp başlady.
– Hormatly teletomaşaçylar, häzir dünýäniñ iñ abraýly jenap ýoldaş
Prezidentiniñ, ýagny meniñ Köşgümden gurnalan telereportaja tomaşa edip bilersiñiz. Men öz wagtymyñ çäklidigine garamazdan, Günorta goñşymyzdan gelen delegasiýany kabul edýärin. Delegasiýa
diýseñ görnükli – dört adamly, iñ öñden gelýän Aly Saddam Helaýaty, Daşary işler ministri. Ol meniñ dostum. Häzir men oña gujagymy
açýaryn. Ine, siz meniñ ony mähirli gujaklaýan pursadymy görýärsiñiz!
– Hoş gördük, hormatly Aly Saddam Helaýaty! Hoş gördük, sapa
gördük! Nähili ýürekdeş adamlar! Ýoldaş, Larin, bu sahnany iri
planda al!
Günortalylaryñ delegasiýasynyñ pyçagarka inçe ýüzli baştutany
jenap ýoldaş Prezidenti gujaklap, ellerini gara sakgalyna ýetirdi.
– Omyn! Byradarym, meniñ hökümdarym, ýagny seniñ kyýamatlyk
doganyñ, öz Köşgünden saña dogaý salam gönderdi. Ol seniñ baş
saglygyñy isleýär. Biz öz doganlygymyzy bildirip, saña ýurdy do224
landyrmaga ýardam bermek üçin, halkyñ ýüregine giñlik salýan
Gurhany-Kerimden birnäçe müñüsini sowgat getirdik. Isleseñiz,
bulary ilata arzy bahasyndan satyp, harçlanyp-da bilersiñiz.
– Köp sag boluñ, minnetdar! Ýöne entek meniñ sowalgam bar. Gaz
diýdi, nebit diýdi, tüweleme, özüñi oñarsañ, bu ýurtda baýlyk gytmy? Ýöne, kyn görmän, siziñ halkyñyzyñ meni nähili söýýändigini
biziñ teletomaşaçylarymyza aýdaýsañyz.
– Siz hakynda biz aýylganç köp zat eşidýäris...
– Gördüñizmi, hormatly teletomaşaçylar, dünýäde meniñ sylagym
ýetik. Meniñ sylagym – siziñ sylagyñyz, gözüñiz aýdyñ! Biz näçe
asyrlap bu ajaýyp günlere garaşdyk, ynha-da ol günler gelip ýetdi.
Günortaly doganlarymyzyñ iberen Gurhanlaryny we Demirgazykly
doganlarymyzyñ getiren Injillerini men özüm metjitlere we buthanalara aýlanyp halka elin paýlaryn, müñläp maşgalalar Gurhaný-Kerimi
we keramatlý Injili ýüzlerine sýlýp, maña alkyş okarlar, Alladan we
Isadan meniñ baş saglygymy dilärler, bu meniñ size bolan çäksiz
söýgümiñ ýene-de bir subutnamasy bolar. Täze Gurhanlaryñyz, Injilleriñiz gutly bolsun, adamlar! Şunuñ bilen meniñ Mawy zalymdan
gurnalan telereportaj tamamlanýar, ýene-de efirde duşuşýançak, hoş
sag bol, eziz halkym!
Larin telekameranyñ düwmesine basyp durzan badyna Aly Saddam
Helaýaty ýene-de bir gezek jenap ýoldaş Prezidenti garsa gujaklady
we şowly telereportaj bilen öz hökümediniñ adyndan gutlady.
– Siz duranja zehin! Sizde haýsy ugurdan diýseñ ukyp bar. Indi
bize-de öz mübärek keşbiñizi surata düşürmäge rugsat ediñ. Yslamyñ
kadasyna görä surat haram-da bolsa, size bu halal, çünki müñlerçe
ynsanlar biziñ ýurdumyzda siziñ ýüzüñiziñ nuruna mätäç. Ýöne biziñ
grimçimiz siziñ ýüzüñize az-kem millilik girizmekçi, onsoñ siz hakyky Gündogar soltanyna meñzärsiñiz. Ine, bu Şertnama siz hakyky
soltanlaryñ edişi ýaly zerli galam bilen gol goýuñ. Netijede siz biziñ
ýurdumyzyñ millionlap tomaşaçysy üçin çaý başynyñ gürrüñine
aýlanarsyñyz. Ine, Şertnama boýunça bu siziñ bize ibermeli gaznebtiñiziñ möçberi, bu-da biziñ onuñ deregine size ibermeli sogansarymsaklarymyz. Ynha, ujundan siziñ hut özüñize dadymlyk! Edil
ýöne agzyñyzda erär ötägider, tagamy üýtgeşikdir. Sowuklamañ
dagyn tüýs emi: indi siz asgyryp-üsgürmersiñiz. Üstesine-de, sarymsagyñ ysyndan jyn-arwaham gaçagan bolar. Entek siz öñki diniñiz225
denem daşlaşan dälsiñiz, şol sebäpden biz sizi köne jynlaryñyzdanam
goramakçy.
Jenap ýoldaş Prezidentiñ göwni göterildi, mor sakgallylary ýürekden gujaklap, elindäki altyn tesbisini olara güjeñledi.
– Muny maña arap şyhlary mugt berdi, olar meniñ dostum. Ýöne bu
ýekeje, şonuñ üçinem ýanymda götermäge çekinýän: ogry bar, jümri
bar. Elbetde, men özüni oñarmaz añkaw däl, onda-da, ätiýaçlylyk
gowy zat, özüñiz bilýäñiz, Köşkde her hili adam bar, jübüñe berk
bolmasañ, edil ýöne aññalak gapdyraýjaklar. Gepiñ keltesi, siz maña
indiki geleñizde, mundan ýene birini getirip beräýseñiz diýjek
bolýan. Kim bilýär, öñüni görüp gelen barmy, adamyñ sowalgasy-da
gutaryp biler. Galyberse-de, onsoñ meniñ iki altyn tesbim hem üç
sany göwher gaşly ýüzügim bolar! Meniñ kärdeşlerimiñ içinde tylla
bilezik dakynyp ýöreni-de bar, ýöne men ony oñlamok, suwjuk
görýän. Onsoñam, Makiawelli aýtmyşlaýyn, halkyñ göwni aýnadanam synykdyr, hökümdar hergiz ägä bolmaly. Eger muny Makiawelli aýtmadyk bolsa, onda meniñ ejem pahyr aýdandyr. Işi adamlar
bolansoñ, ol olaryñ kimdigini ilden sorap bilmeli däldi, ýakyndan
tanaýardy. Söýgüsi çäksiz bolany üçin ony bütin ýurda, her bir adama aýratynlykda ýetirjek bolardy. Meniñ partiýalaýyn tejribäme
ynanyp bilersiñiz, ejem meni halk üçin dogrupdyr. Onsoñ men, heý,
halkyñ menden göwnüniñ geçmegine ýol berip bilerinmi, ýok! Hiç
haçan! Söýgi – ikibaşdan! Söýýän adam talapkärdir, menem talapkär.
Men ili söýdümmi – ilem meni hökman söýäýmeli! Ýekimde ýigrendigim: harsydünýä hannaslar, öz halkyna itiñ art aýagyndan suw
içirýän gurrumsaklar, siz muny ýañky telereportajdan-da añansyñyz.
Nahar başynda biz has-da gowy düşünişeris. Siz et iýýäñizmi? Men
wegetarianlar bilen demokratlary itden beter ýigrenýän. Adamyñ
sypjygy şolardyr, ýüpleriniñ üstünde odun goýup bolmaz. Olar ilki:
”Döwleti halk köpçüligi dolandyrmaly” diýýärler. Haçanda men
olara: ”Köplük – bokluk!” Köp bolup döwleti dolandyrmak kyn, ony
bir özüñ dolandyranyñ has gowy!” diýsem, olar: ”Demokratik gurluş
añsat diýen zat ýok, ýöne erbet ýeri – adamzat entek jemgyetçiligiñ
şondan kämil dolandyrylyşyny oýlap tapmandyr!” diýip, takal
okaýarlar. Bu barypýatan demagogiýa. Ynha, men tapdym-a! Meniñ
ýurdumda döwlet halkyñky, menem halkyñ ogly, onsoñ döwleti men
dolandyrsam, şol halkyñ dolandyrdygy bolmazmy eýsem! Üstesine226
de, halk horlanmasyn diýip, halkyñ atasy hökmünde-de men öz üstümden berk gözegçilik edýän. Şundan beter ýene näme gerek?! Onsoñam, Larinem demokratiýany halap baranok, onsoñ saña başga
merk gerekmi?! Men açyk göwünli adam, öz pikirimi hiç kimden
gizlämok, ile-de gizletmejegim çyn. Men gönümelligi halaýan, kimde meniñkiden üýtgeşik pikir bar bolsa, gelsin-de, göni meniñ ýüzüme aýdaýsyn. Bu meselede metbugatyñ, radionyñ, telewidenýäniñ
roly örän uly: olar meniñ pikirimi halka gündelik ýetirip durlar.
Kimde üýtgeşik pikir dörese-de, meniñ ýörite gulluklarym ony maña
günübirin ýetirýärler, onuñ üçin syýa zaýalap oturmagyñ ýa-da gazet-jurnalyñ geregi ýok. Men her bir işde halkymyñ bähbidini
araýan: nädemde halkym hezil etjek, hor-homsulygyny ýadyndan
çykarjak, menden razy boljak – ine meniñ gije-gündiz küýüm. Düýpteýkaryna seredeniñ-de, adamlara bir zat eçilmek bilen olaryñ iñ
soñkujasyny ellerinden gañryp almagyñ arasynda ullakan tapawut
ýok. Haýsyny edeniñ-de halk ümsüm otursa, şony-da etmeli. Halky
nädeýin diýseñ edip bolar, diñe ugruny bilmeli: ilki horla-da, soñundanam: ”Halk horlanýar” diý, başga kişiniñ-de muny diýmäge haky
bolmasyn, nädersiñ onsoñ adamlar seni hossar tutunaýsa! Halkda
ýetimeklik duýgusyny terbiýelemeli, goý, ol sen bolmasañ, özüni oda
ýykyljak ýaly duýsun. Şonda seniñ azabyñ ýerine düşer. Dogrusy,
bularyñ hemmesi meniñ hut öz açyşym, belki, olar aşa duýgur ýüregiñ önümidir we ile açardan has inçedir. Ýöne nätjek-dä, göwnüñ
açyk bolsa, içiñde gep ýatýarmy, adamlary her ädimde begendiresiñ
gelýär. Hökümdaryñ ilden aýratyn çöregi-de, şatlygy-da, bagty-da,
ýokdur, diýmek, olaryñ üçüsini-de öz eliñde berk saklamaly. Onsoñ
sen adamlar bilen, isleseñ, demokratiýa oýnuny oýna, isleseñ-de,
diktatura. Bularyñ ikisi-de düýp-teýkarynda şol bir zatdyr, haýsyny
saýlajagy – hökümdaryñ öz islegi, esasy zat, halkyñ ýüregini gysdyrmasa bolany. Halk hökümdaryñ özüni gowy görýändigine hemişe
tüýs ýürekden ynanýar. Bu ynam-da ähli döwürleriń hökümdarlarynyñ ömrüne ömür goşýar. Şonuñ üçinem halkyña söýgüñi beýan
etmekden birjik-de çekinmeli däl, muny gündelik onuñ gulagyna
guýup durmaly. Halk hökümdaryñ söýgüsi bolmasa, ýaşap bilenok,
şonuñ üçinem iñ bolmanda ýok ýerinde ony toslap tapar, ýöne
söýgüsiz oñmaz. Akyllysyramagyñ geregi ýok, çünki akyl bilen akmaklyk – şol bir zat. Olaryñ ikisiniñem bahasy bir, ýöne kimiñ ag227
zyndan çykýanyna bagly. Güýç kimiñ elinde bolsa, şol wagt ol akyllydyr.
Ilçileriñ biri jenap ýoldaş Prezidentiñ gürrüñine goşulmaga synanyşdy.
– Bagyşlañ, ýöne siz bir zady inkär edip bilmersiñiz ahbetin...
Jenap ýoldaş Prezident bu gödeklige geçirimlilik bilen başyny
ýaýkady.
– Ýok, meniñ hiç wagt nämedir bir zady inkär etmek endigim ýok.
Men diñe adamynyñ öz pikiri we ynamy bilen arasyny açýaryn. Onsoñ onuñ pikiri-hä baýlyga, özi-de kölegä öwrülýär. Elbetde, käte
adamynyñ öz ynamy bilen bile ýitip gidýän wagty-da bar, pikirinden
aýrylyşyp bilmese. Ýöne biziñ işimizde bu bir adaty zat. Adam öz
wagtyndan öñ ölüp bilmez! Adamlaryñ üstünden höküm sürmek – bu
sungat. Onda-da mümkin bolmadyk sungat. Hökümdar halkyñ
söýgüsine garaşmaly däl, ony özi gurnamaly. Munuñ üçin ulanyp
bolmajak zat ýok: urşdyr, parahatçylygam, milletçilikdir internasionalizmem, watançylykdyr watansyzlygam, söýgüdir ýigrenjem,
açlykdyr doklugam, garaz, islän zadyñ! Gep siziñ ugurtapyjylygyñyzda. Meselem, men öz ýurdumy söýgi bilen dolandyrýaryn, ýagny
halkymy gije-gündiz söýýärin, Freýd aýtmyşlaýyn, tükeniksiz söýgi
aktyny ýerine ýetirýärin. Eger muny Freýd aýtmadyk bolsa, aýyplaşmañ, ýöne meniñ filosofiýam şeýle: hiç kes meniñ söýgümden
gutulmaz! Ýörüñ, onda banket zalyna geçeliñ, meniñ halkymyñ
saçagy siziñ üçin hemişe açykdyr! – Jenap ýoldaş Prezident iriýmişli stoluñ başynda öz ýerini eýeledi. – Garşylyk bolmasa, bankedi özüm alyp baraýyn, içiñizde menden gepe çeperiñiz ýokdur-la?
Demirgazyklylar öz guwançlaryny gizläp bilmediler:
– Biz sizde öz şöhratly geçmişimizi görýäris!
Günortalylar-da olardan kem galmadylar, salykatly seslendiler:
– Sizsiz bu ýurt bize haram!
Jenap ýoldaş Prezident bu görülmedik ýürekdeşlige hapa boldy.
– Siz meniñ goşa ganatym, goşa dinim, goşa imanym! Men bagtly.
Nämüçin bagtly bolmaýyn? Goñşy ýurtlarda meni tanaýarlar, öz
ýurdumda teletomaşaçylar menden razy, Larin ikimiziñ aramyzdan
gyl geçenok. Şundan uly bagt nämäme gerek?! Arman, bu saçagyñ
başynda meniñ mähriban halkym ýetenok. Ol bu wagt jokrama Günüñ aşagynda depesinden gum sowrup işläp ýörendir. Meniñ öz hal228
kyma mynasyp bolasym gelýär. – ol goşaryndaky göwher gaşly sagadyna seretdi. – Zähmetkeşler ýene-de dogry ýarym sagatdan çaýa
çykmaly, ana, şonda menem garbak-gurbak edinerin, oña çenli meniñ bokurdagymdan iýmit geçmez, hany, onda bulgurlary dolduryñ!
Larin guraksy ýylgyryp, jenap ýoldaş Prezidentiñ hem myhmanlaryñ bulgurlaryny doldurdy. Şonda iki ýurduñ orruk ortasynda şagalaña çümen jenap ýoldaş Prezidentiñ demirgazyk ýañagy Demirgazyklylara, günortakysy-da, agynjak Günortalylara meñzedi.
– Ah, Larin, sen meniñ biygtyýar akan bagt gözýaşlarymy
ýakyndan ullakan edip, teletomaşaçylara görkez, goý, meniñ
mähriban halkym öz oglunyñ bagtyna guwansyn! Eýsem, men
öz halkymyñ hem ogly, hem atasy dälmi nä, eý, meniñ mähriban enem, mukaddes Gursoltan!
229
12. Göçme paýtagt
Halk jenap ýoldaş Prezidentiñ gözýaşlaryna çyn ýürekden ynanýardy, olary ýürekden söýýärdi, ol gözýaşlar halkyñ derdini egisýärdi,
oña ýaşamaga kuwwat berýärdi. Üstesine-de jenap ýoldaş Prezidentiñ üznüksiz televizion çykyşlarynda diýýänlerinden käbir sözi tötänden hakykata gabat gelip, adamlary añk edýärdi. Meselem, ol:
”Biziñ ýurdumyz Demirgazyk bilen Günortanyñ orruk ortasynda
ýerleşýär” diýende, ol çynyñ edil bäbeneginden urdy we halk onuñ
çynçylygyna kaýyl galdy. Onsoñ ol ýene-de şeýle diýdi: ”Meniñ
nazarymyñ düşen ýeri – paýtagtdyr!” Muña ilki ynanmajak bolanlarda tapyldy, ýöne olar basym özleriniñ syýasy şowakörlügini boýun
alyp, gözden düşüp, ýitip gitdiler. Çünki basym paýtagtdan Çarwa
obasyna lowurdap duran asfalt ýol çekilip ugrady. Ýoluñ yzyna düşüp dag eteginden lemmer-lemmer bolşup gaýdan bulutlaryñ suraty
aýna dek asfaltyñ ýüzüne gaçyp, ogşuk kimin owşanaklap oýnady.
Bu ýol gurluşygyny Döwlet komiteti, ýagny Döwkom alyp barýardy. Ýöne il içinde basym oña Komitet döwleti, ýagny Komdöw
diýdiler. Çünki döwletiñ özi tiz wagtdan bu Komdöwe öwrüldi we
ýoluñ bütin dowamynda adamlaryñ, obalaryñ we şäherleriñ, çopan
goşlarynyñ ygtyýary onuñ eline geçdi. Komdöw muny, dogrusy,
isläbem duranokdy, oña bu kararyñ, bu wezipäniñ özi ullakan ýükdi:
hem ýol çekmek, hem ýoluñ iki gyrasyndaky halky edara etmek añsat iş däldi. Ähli ýerde bolşy ýaly ýol ugrunda dawa-jenjelleriñ,
ogurlyklaryñ, tut-da-baslygyñ bolup durjakdygy, toý tutuljakdygy,
adam öljekdigi, elbetde, öz-özünden düşnükli. Şonuñ üçinem Komdöw ýol gurluşygynyñ dowamynda tas ýüz esse çişdi, haýbatlandy,
daş-töweregine gol ýaýratdy. Soñabaka onuñ öz sud-prokuratura
guramalary, türmeleri, goşuny, jeza beriji bölümleri döredi. Ýoluñ
ugrunda Komdöwe gönümel hem gytaklaýyn garaşly: ýarym, üçdenbir, dörtdenbir Komdöwler döredi. Ozaldan bar bolan döwlet, jemgyetçilik edaralary, grajdanlar Komdöwüñ, ýarym, üçden bir ýa-da
dörtden bir Komdöwleriñ garamagyna geçdiler.
Komdöwüñ müdüri edilip bellenen adamyny ozal bu illerde tanaýan, gören, bilen ýokdy; paýtagtda-da: ”Onuñ bilen elleşdim, ýü230
züni gördüm” diýip biljek tapdyrmasa gerek? Ol adamynyñ bu edarada işlemelidigini haçan-da bolsa bir wagt güman edenem bolan
däldir; ol welin, bütin ömrüniñ dowamynda gizlin ösüp gelipdir we
iñ soñunda-da ösüp-ösüp, Komdöwüñ müdiri derejesine ýetipdir; bu
ýurtda şundan uly wezipäni nireden aljak?
Başda muña köp adamlar düşünmediler, hatda onuñ garşysyna gitjek bolanlar-da tapyldy, emma munuñ niçiksi betbagtlykdygyny olar
tiz wagtda gördüler, çünki ol adamlaryñ özi soñra muny oturan-turan
ýerlerinde gürrüñ etdiler; bu wakany başdan-aýak synlan we özleride bir aýlawda Komdöwüñ müdürine garşy çykaýmak meýlinde
gezenler onda-munda şol gürrüñleri edip ýörenleriñ ilkibaşda Komdöwüñ müdüriniñ garşysyna çykanlar däldigini, olaryñ diñe mysaly
keşbi bolmagynyñ ahmaldygyny güman etdiler. Bu çaklamalar
Komdöwüñ abraýyny has-da artdyrdy, ýönekeý halk onuñ adyny
dilinden düşürenokdy, hatda ”Komdöw basym halka mugt çörek
berjekmiş!” diýen enaýy gürrüñler-de ýaýrady. Kim bilýär, belki
Komdöwüñ şeýle planlary bolsa-da bolandyr, ýöne näme-de bolanda,
ýoluñ geçýän ugrunda asudalygyñ hem dymyşlygyñ, hatda dymdyrslygyñ çuñ ornaşmagynda Komdöwün hyzmatynyñ bardygy
dura-bara äşgär boldy. Edil şonuñ ýaly-da, Komdöwüñ müdüriniñ
adynyñ Hyrly Durgur ýa-da Gaşlak bolaýmagynyñ ahmaldygy ile
mälim boldy; onuñ ägirt adamdygy baradaky gürrüñ çekilýän ýoluñ
uza boýunda edil rowaýata öwrülip barýardy; ýol gurluşygyny irdegiçde gören adamlar Komdöwüñ müdiriniñ käýarym gurluşykda
peýda bolýandygyny gürrüñ edýärdiler, şol gürrüñlere görä, Hyrly
Durguryñ ýa-da Gaşlagyñ sypaty hormat goýarça-da barmyş, kim-de
bolanda, ol piliñ bäbegi ýaly semiz göwresi bilen meşhurlyk gazanyp
bilmese, onda, megerem, harby egin-eşigi bilen gazansa-da gazanar
diýişýärdiler; aslynda bu harby däl-de, harby matadan tikilen adaty
egin-eşik bolsa-da bolar; dogrusy, Komdöwüñ müdüriniñ belli bir
daş keşbi ýokdy, hut şonuñ üçin-de tenindäki geñ-tañlyk uzak wagtlap özüni bildirmedi, ýagny ol kişiniñ çep böwründen aşaklygyna,
yza sömelip, ujy ýokaryk gañtarlyp duran zat näme? Ilki oña Komdöwüñ müdüriniñ gapyrgasydyr öýtdüler, çünki iñ bärkisi onuñ gapyrgasynyñ uzyn hem haýbatly bolmalydygyna şübhe bolup biljek
däldi, şonuñ üçinem onuñ gapyrgadygy barasyndaky jedelsiz hakykat oba-kentlerde, aýratynam olaryñ gyrak-bujaklarynda ýaşaýan
231
ýönekeý halkyñ arasynda çalt ýaýrady; paýtagtdan gaýdan asfalt ýol
tä Çarwa obasynyñ çetinden girýänçä müdiriñ böwründen yza, aşaklygyna gözilginç çykyp duran şol zadyñ gapyrgadygyna şübhelenýän
galmady diýerlikdi, emma haçanda asfalt ýol Çarwa ýetiberende, bu
jedel ýañadandan tutaşdy; munuñ sebäbi ol zat gapyrgadyr diýenleriñ
faktlara däl-de, abstrakt pikirýöretmä daýanandygynyñ dilden-dile
geçmesi boldy; şübhe täzeden güýçlendi; has ýakyndan synlap görenlerinde, ýol gurluşyk Komdöwüń müdiriniń harbypisint köýneginiń aşagyndan direlip duran ol näbelli zadyñ ýalañaç gylyç bolmagynyñ ähtimaldygy güman edildi. Onuñ ýörände göwresini dim-dik
tutup, ýöne öñe azajyk egilmesi we zol-zol sag elini şol gapyrgasynyñ etegine ýetirjek bolmasy, isleseñ-islemeseñ-de, böwrüñi diñledýärdi; adatça, bili gylyçly harbylar elini çep gapdalyndan asylgy
gylyçlarynyñ dessesinde goýup ýöremäge endik edýärler; ýöne
Komdöwüñ müdiriniñ teninden artyk gapyrga ýaly somalyp çykyp
duran zadyñ tüýli guýrukdygyny güman edýänler-de ýok däldi.
Asfalt ýoluñ gelmegi bilen Çarwanyñ köçelerinde ata-baba görülmedik täsin özgerişler başlandy: gazly suw, doñdurma, çigit satyldy;
dükanlar çyranyñ ýagtysyna gijesi bilen işlemäge başladylar, restoranlar açyldy we olarda agşamlaryna ýarym-ýalañaç aýallar çuw-ak
tenlerini güjeñläp, ýylan ýaly suwlunyp tans etdiler; geýnüwli hem
murtly gelmişekler ol aýallaryñ tansyna seredip, şamlyk edindiler,
gijeden gije şerap süzdüler; ymgyr gijelerine Çarwanyñ garañky
köçelerinde ýaş aýallaryñ nähilidir bir azarlydan ýakymly sesleri
çykdy; obanyñ ýaş gyzlarydyr oglanlary öz mysapyr ata-enelerini
ýigrenip, gijeki restoranlary, kabareleri, barlary we gijeki klublary
hossar tutundylar; gündizlerine obanyñ köçelerinden egin-başy ýyrtyk eleşan pagtaçylar pagta meýdanlaryna ýa-da yzyna, oba garşy
geçýärdiler; olaryñ doýa garna iýip-içmeýändigi, pagta ýükli äpet
maşynlaryñ öñünden öz wagtynda sowlup bilmeýişlerinden-de besbellidi; pagtaçylar ysgynsyzlykdan ýaña äpet tekerleriñ aşagyna düşüp, myjjyklary çykýança süýrenip gidýärdiler, ol maşynlaryñ kabinalarynda oturan nätanyş sürüjiler ilki erbet käýinip, soñra-da
duýgudaşlyk bilen başlaryni ýaýkaýardylar: betbagtlar! Gündüzlerine
köçede görünýän gelin-gyzlaryñ ýüzleri dowamly azganlylykdan
kokuşyp dursa-da, agşam düşüp, restoranlarda we tans meýdançalarynda dürli yşyklar şöhle saçanda, bu ýerde hakyky gijegözelleri,
232
ýarym-ýalañaç näzeninler peýda bolýardylar; edil uly şäherlerdäki
ýaly obada indi gijelerine ötegçi erkeklere süýkenýän erni çilimli
aýallar restoranlaryñ, kazinolaryñ we beýleki keýp ojaklarynyñ töwereginde garawulçylyk çekmäge girişdiler; çarwalylaryñ çorly tenlerine ýaraşmajak nakysja altyn, kümüş, göwher bezegleri satýan
dükanlaryñ töründe bir hana pagta göterse inçe bili üzüljek gün görmedik zenanlaryñ näzik gülküleri ýañlandy; çarwalylar bu özgerişleriñ gymmatyna düşünmän, gündizlerini pagta meýdanlarynda geçirip, gijelerine horaşaja tamlarynyñ aýna-gapylaryny içinden mäkäm
temmeläp ýatdylar; olar munça üýtgeşiklikleriñ içinde hatda öz
iýmitlerini-de täzelemediler; kaşañ dükanlarda satylýan ir-iýmişlere,
gymmatbaha oýunjaklardyr öýdüp, ozalkylary ýaly çaýdyr-çörek
bilen mydar etdiler ýördüler; bir günden bir gün daşy ýaldyrwuk
kagyzly harytlaryñ iýmitdigini güman edip, satyn almaga baranlarynda-da, dükanlar olara öz nepis harytlaryny satmakdan boýun
gaçyrdylar, daýhanlaryñ uzadýan milli pullary tapawutly bolup çykdy, onsoñ olar uzur ötünip, öýlerine gaýdyp, ýene çaý-çöreklerini
öñüne aldylar.
Ýol gurluşyk Komdöwüñ müdiri paýtagt-Çarwa ýolunyñ gurlup
gutarylan güni gumuñ etegindäki kaşañ Köşgüñ gapysynda durup,
Kakabaý Garasöýmez bilen egin-egne berip, ýadygärlik surata düşdi
we Çarwany bu günden beýläk ýurduñ paýtagty diýip yglan etdi.
Şonda onuñ asla Hyrly Durgur ýa-da Gaşlak däl-de, eýsem jenap
ýoldaş Prezidentiñ hut özi bolmagynyñ-da mümkindigini güman
etdiler. Daýhanlaryñ begenjiniñ çägi bolmady: çarwalylar indiden
eýläk – paýtagtly! Paýtagtlylar bolsa, elbetde, dok ýaşamaly!..
Diýmek, ýol gurluşyk Komitet döwletiniñ Çarwa obasynyñ ýaşaýyş
derejesini ýokary göterjek bolmasy ýöne ýere däl eken! Onsoñ elleri
gyzyl dañyly komdöwçüleriñ bu ýerde günsaýyn köpelip barmagyna
çarwalylar begenmän, kim begensin? Komdöwçüler Çarwanyñ içinde köçeme-köçe aýlanyp, ilki bilen ilatyñ ýeke-ýekeden fiziki agramyny çekip çykdylar, şonda adamlaryñ ortaça agramynyñ sesli mälim ederden has ýeñildigi belli boldy; bu ýerde uly adamlaryñ agramy – ýetginjekleriñ, ýetginjekleriñki – çaganyñ, çagalaryñky –
içdençykma bäbekleriñ agramyna gabat gelýärdi; gyzyl bellikliler
”näme etmeli?” diýşip, öz-özlerine sorag berdiler-de, Komdöwüñ
müdüriniñ agzyna garadylar, ol obanyñ agramyny umumylykda yg233
lan etmeli diýen karar çykardy, ýagny: ”Çarwa obasynda elli tonna
adam bagtly ýaşaýar!” Wessalam, gep tamam! Gezek boý ölçegine
gelende, ondan-da ýeñil çözgüt tapyldy: erkek jynsly pagtaçylara
”pälwansypat”, aýal jynsly pagtaçylara ”pagtaçy gözel” diýmeli –
bolany şol! Ýogsam, olar paýtagtly diýip yglan ederden çüprek.
Şondan beýläk ýol gurluşyk Komitet döwleti pagtaçylaryñ hakyky
agramyny we boý ölçegini döwlet syry diýip yglan etdi we berk gorag astyna aldy.
Soñra Komdöw bütin ýurtda degişli agram hem-de boý ölçegini
girizdi. Paýtagtyñ Çarwa göçüp gelmegi bilen Komdöw şuña meñzeş
peýdaly täzelikleriñ müñlerçesini durmuşa ornaşdyrdy, bu bolsa,
ýurduñ ýaşaýyş standartyny dünýä derejesine laýyk getirmäge we,
gerek bolsa, ondan islendik demde ozup geçmäge zerur esaslary döretdi. Onsoñ ýol gurluşyk Komitet döwletiniñ müdiri ötegçi daşary
ýurt jurnalistiniñ elinden wideokamerasyny aldy-da, täze paýtagtyñ
durmuşyndan reñkli film almaga girişdi. Bu işde ol özüniñ guýmagursak zehindigini görkezip, asfalt ýoluñ gurluşygynyñ gutarmagy
mynasybetli gurnalan hökümet bankediniñ dowamynda halkyñ ýaşaýyş derejesinden gürrüñ açýan reñkli filmleriñ onlarçasyny almaga
ýetişdi. Komdöwüñ müdüriniñ filme baş rejissýorlyk edip, üstesinede onda baş roly oýnamagy we şol bir wagtda-da dabaranyñ tamadasylygy dokumental kadrlary çeper sungatyñ derejesine deñeç ýokary
götermäge zerur şertleri döretdi we bu filmler ýüzüniñ ugruna jenap
ýoldaş Prezident adyndaky Halkara baýraklaryñ hemmesini aldy.
Täze paýtagta näçe diýseñ oñat geýnüwli adamlar gerekdi, onsoñ
Komdöw olary bu ýere getirip dökdi, eleşan geýnenleriñ welin bu
ýere özleri dökülişip geldiler. Olar şeýle bir tiz köpelýärdiler welin,
hatda aram-aram olary buldozerler bilen sürüp, allowarradan çykarmaly bolýardy, ýöne onda-da çäresi ýokdy, her zat etseñ-de, baryýogy birnäçe günden, edil saçakçylar ýaly, ýene-de paýtagta dolýardylar; bir görseñem, olar edil ýarlykly gedaýam däl ýalydylar, käbiriniñ güne pide bolan kiteliniñ ýakasynda ”Ýurt gahrymany”, ”Zähmet gahrymany”, ”Uruş gahrymany” diýen ýaly orden-medallar-da
göze ilýärdi; elbetde, orden-medallary olar ýoldan-yzdan tapyp döşlerine dakynypdyrlar diýýänler-de ýok däldi, nämemiş, olar iýer-içer
ýaly zatdan horluk çekýärmişler, ýöne welin, reñkli filmleri Halkara
234
baýraklara mynasyp bolan ýurtda beýle zadyñ bolup biljegine kim
ynanar?!
Ýöne täze paýtagtyñ şöhratyny zerur derejä götermek üçin hars
urýan Komdöw müdüriniñ Çarwanyñ diwarlarynyñ görnüşine göwni
ýetmedi, onsoñ ol goltugyndan öz gyzyl saçly ullakan suratlaryny
çykaryp, täze paýtagtyñ jaýlarynyñ diwarlaryna çüýläp çykdy. Çarwanyñ içi bir demde özgerdi, diwarlaryñ ýykyk-ýumruk ýerleri gömlüp, ýylmanak dul heleýiñ baýtal münen lälik ogluny ýatladýan dokmäde posalak ýüzli kişi dumly-duşdan gülüp bakdy, onuñ duw-ak
saçydyr, bir tutum gaşlary, goşa-goşadan gymmatbaha ýüzükli possujak barmaklary täze paýtagtyñ diwarlaryny diwara meñzetdi; bu
suratlar iñ şöhratly fotonusgalyk zenanlary-da ompa oturtdy, ýogsam
bolmanda ol zenanlar ýarym-ýalañaçdy, eginleri, göwüsleri ”men
bärde!” diýşip, albaý bulaşýardylar, emma bu ýurtda olar erbet utulyp, diwardan sypyryldylar – şondan soñ Komdöwüñ şöhratly müdüriniñ jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi bolmagynyñ mümkindigine
mundan beýläk şübhe galmady.
Netijede adamlar täze bir görnüşe geçen jenap ýoldaş Prezidentiñ
gepini ýakyn aradan diñläp, heýjana geldiler, onuñ gepinde belli bir
many ýokdy, özüñ näme many alsañ alybermelidi, köpçülik şony-da
edýärdi, her bir sözüne her kim özüçe düşünip, özüçe-de netije çykarýardy; şonuñ üçin-de kimse bu ýurtda hemme zat basym mugt
bolar diýse, kimsi öñki mugt zatlar, meselem, howa, Günüñ ýagtysy,
ýyldyz şöhlesi-de tölegli bolar diýýärdi. Jenap ýoldaş Prezidentiñ
sallahdygy baradaky habar täze paýtagta onuñ özünden has öñürti
geldi, onsoñ pagtaçy gelin-gyzlar obanyñ folklorçylaryna basdaşlyk
edip, uçdantutma aýdym-saza ýatdylar; basym Çarwada ne deprek,
ne tüýdük, ne gopuz, ne dutar, ne-de abat egin-eţik galdy, onsoń
gelin-gyzlaryń bir topary jenap ýoldaş Prezidente öz sungatyny ýarym-ýalañaç hödürlemeli boldy, şonda ol adamçylygyñ ýokary nusgasyny görkezip, olardan ýüz öwürmedi, bu enaýy tomaşany goldady, asla mundan beýläk çeper höwesjeñligi özüniñ esasy işi diýip
hasaplaýandygyny aýratyn möhüm kararynda yglan etdi; basym bu
töwereklerde başýuwlugyñ bir litriniñ bahasy owlakly geçiniñ bahasyna çykdy, käbirleri saçym has ýumşak bolsun diýip, gatyga-da
ýuwdular, Çarwanyñ kyrk çakrym töwereginde haltada süzme,
golçada başýuwluk galmady, emma jenap ýoldaş Prezidentiñ ýany
235
bilen täze paýtagta ýylmyldaşyp gelen anjaýyn zenanlar oba gelinleriniñ tamasyny tala dañdylar; ol aýallaryñ biriniñ gözleri möledi, ala
däldi, synasy göwüslekden deşlidi, egindeş kemi ýokdy; ikinjisiniñ
gözleri alady, möle däldi, oña derek onuñ kirpikleri uzyn-uzyn, endamy näzikdi, sesi mähirli oýnaklaýardy, onuñ käbir bolşy edil artist
ýalydy, ýöne gara çyny bolmagy-da ahmaldy; onuñ jenap ýoldaş
Prezidentiñ tenine-de, syýasatyna-da deñ derejede täsir edýändigi
eýýäm daşary ýurtlarda bilnip, oña ençeme halkara baýraklary gowşurylypdy; Larin ol aýaly sylaýar diýýärdiler, bu, elbetde, daşary ýurt
baýragyndan has çynlakaý zat, bu ýurtda ony kim bilenok? Larin
bilen jenap ýoldaş Prezident awa çykanlarynda, ol aw etini duzlap
berýärmiş, onuñ adynyñ Aýjan bolmagy has-da gözilginçdi, çünki
Aýjan atly gelniñ mundan birnäçe ýyl öñ eýýäm ýaşap geçendigi
güman edilýärdi, soñ ol ýitirim bolupdyr we hatda onuñ jesedini
Garagum çölünde, çägelikde gördüm diýýänler-de barmyş: tilki alakanyñ hinini gazanda, gyzyl keteniniñ ygyndysy çykanmyş; ol ölenden soñam owadandy diýýärler, nädip ynanmajak? Ýöne ikibaşdan
diri Aýjanyñ diridigini anyk bilmänsoñlar, ondan üýşenmän bilenoklar; elbetde, öli aýal keýik etini duzlap bilmez, bu öñden belli; Larin
bilen jenap ýoldaş Prezident gije-gündiz ýatman müñlerçe kilometr
ýoly geçýärmişler olardan keýik ýa-da gulan bolup gutulmak mümkin dälmiş, gaçyp barýan gulanyñ ýa-da keýigiñ yzyndan bir ok atsalar, ol janawaryñ endam-jany eleme-deşik bolýarmyş, kim bilýär,
nämesindendigini? Olaryñ eli göni, biri çeneýär, beýlekisi atýar,
ýöne şu çaka deñeç olaryñ haýsynyñ çenäp, haýsynyñ tüpeñleýänini
bilýän ýok; onsoñ isleseñ-islemeseñ-de, iliñ oñýan rowaýaty bilen
oñmaly bolýar: olar goşa kelleli awçy!
Ýene näme? Bu sowala jogap tapylmanka köne paýtagtdan bäriligine çekilen asfalt ýol bilen Çarwa dag getirdiler; ýasama dagyñ üstünden gaýdyp, Çarwany parran iki bölmeli çeşme jenap ýoldaş Prezidentiñ süýji ukusy üçin getirildi, çünki dag çeşmesiniñ owazy bolmasa, onuñ ukusý bozuljakdý.
Dag bolsa, añrysynda hökman daşary ýurt hem bolmaly, onsoñ
uzak oýlanyp oturman, emeli dagyñ añrysyna derrew daşary ýurdy
göçürip getirdiler. Çarwalylara ýeteni: guwanmak, haýran galmak,
agzyñy öweltmek. Guwandylar. Jenap ýoldaş Prezident iñ soñky
aýratyn möhüm kararynda ahlak tygşytlylygyny göz öñünde tutup,
236
ýurduñ ýaşaýyjylaryna iñ köp ulanylmaga degişli duýgulardan galanyny gadagan etdi; aslynda zerurlygy bolmandygy üçin ol duýgular
il içinde öz-özünden-de ulanyşdan galypdy; diýmek, adamlaryñ artykmaç duýgularyny ýatyrmak üçin aýratyn möhüm kararyñ geregide ýokdy, ýöne onda-da nämüçin karar çykmaly dälmiş?
Dagy Çarwanyñ edil ilerisinde oturtdylar, töweregiñ howasy derrew
üýtgedi we jenap ýoldaş Prezident hoşal boldy, indi gumuñ etegindäki Köşguniñ gapysyndan hakyky dag çeşmesi akmalydy; köne
paýtagtdan bäriligine ullakan turbalar bilen getirilip, dagyñ dik depesine çykarylan emeli çeşme şaglap aşaklygyna gaýdanda, jenap ýoldaş Prezident onuñ kenarynda halka garap, mähirli söz sözledi:
”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Ýüregi ýuka garrylar uzak
geçmişi ýatlap, gözlerine ýaş aýladylar...
Bu çuñ manyly görkezmeden ugur alan Kakabaý Garasöýmez ýalañaç egri gylyjyny bulaýlap, köçeme-köçe aýlandy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ buýrugyna görä, ýurduñ ähli ýerinde çeper höwesjeñleriñ
çykyşlary guraldy we olaryñ sesi pagta meýdanlarynyñ gyrasyna
eltilip goýlan äpet eşitdiriji gurallardan gije-gündiz ýañlandy; ol
aýdymlar jenap ýoldaş Prezidentiñ gahrymançylygy baradady. Onsoñ daýhanlaryñ agşamyna öýe gaýtmak zerurlygy büs-bütin aradan
aýrylyp, olar atyz-çillerde ýatyp-turdular; aýratyn-da aýallar erjellik
görkezýärdiler, olaryñ gowaçaly pellerden asla çykaslary gelenokdy,
aýal-gyzlar ekiniñ zeýli ysyna, awuly himiki dökünlere şeýle bir
öwrenişipdiler welin, gowaçaly atyzdan çyksalar, demleri gysyp,
çabalanyberýärdiler; bu watançylyk baradaky ”myş-myşlar” jenap
ýoldaş Prezidentiñ gulagyna ýetende, ol ömründe ilki gezek öz halkyna añrysy bilen guwanyp, bulanyk gözlerinden süýji gözýaş dökdi,
et ýüregi ezilip, öz halkyny başdan-aýak, aýratynam öñi pagta ýygylýan fartukly gelin-gyzlary ýeke-ýekeden bagryna basasy, olara
erkek adamynyñ mährini gysganman eçilesi geldi; onsoñ şol günden
beýläk billerinden pagta ýygylýan fartuk asylan ýaş gelin-gyzlar
Köşgüñ öñünden ertir-agşam ikiýana geçdiler; jenap ýoldaş Prezident ýalañaç mañlaýyny aýna diräp, ýumşak aýalaryny salpyk alkymyna söýget edinip, pagtaçy gelin-gyzlary tä usurgaýança synlardy,
olaryñ ýesir görki bedenine ýaş wagtlary az wagt myhman bolan
güýçli hyjuwyny oýararly görnerdi, şol umyt bilen ol tä galyñ aýnada
küti mañlaýynyñ yzy galýança oturardy; pagtaçy gelin-gyzlar hiç
237
haçan onuñ üstünden gülmezler, ah, onuñ açylmadyk bagty! Enaryñ
deputat gelin-gyzlardan ybarat folklorçy topary jenap ýoldaş Prezidentiñ bu bagtyny uzaltmak üçin jan edýärdi; folklorçylar garañky
gatlyşansoñ-da Köşgüñ öñünden gitmän, pagtaçy gelin-gyzlaryñ
milli striptizini görkezýärdiler, şonda olaryñ köýnekleri halta, içki
geýimleri-de ak fartukdy; deputat gelin-gyzlar saýlama ak tenlerini
haltadan çykaryp, uýat ýerlerini ýapýan ak fartuklaryñ bagyny görülmedik näziklik bilen şeýle bir ussatlarça çözýärdiler welin, jenap
ýoldaş Prezidentiñ öz halkyna guwanmakdan ýaña halys gyllygy
akyp gidýärdi: wah, nämüçin bütin halk pagtaçy däl, menem – kolhoz başlygy, onda hemme zat itiñ añsady bolardy!..
Daýhanlar köpçüliginiñ aladasy başgady. Gowaçaly atyzlaryñ gyralaryndaky aýdym-saz eşitdiriji maşynlardan gije-gündiz kuwwatly
aýdym-sazlar ýañlanýardy, olar halkyñ ruhuny bellenen derejeden
aşak düşürmän saklaýardylar; aýdym-sazyñ sesi eşidilende, ilat duran-duran ýerinden gowaçaly atyzlara çozýardy we edil dagdan şaglap gaýdan sil ýaly ýol ugrunda duşan ähli zatlary ýer-ýegsan edip
geçýärdi; dañyp saklaýmasañ, çagalar-da ene-atalarynyñ yzyna düşüp, meýdana eñýärdiler; onsoñ garabagyr eneler, dagy alaç tapman,
öz çagalaryny öýde dañyp, gaçyp gaýtmaly bolýardylar, ýöne olaryñ
öz ýüreginden önen perzentlerini uzyn günläp aç-suwsuz goýjak
gümanlary barmy nä, çagalaryny ýatylýan sekiniñ aýagyna örkläp,
öñlerindäki ýalaga hökman iýmit guýardylar, onsoñ çagalar tä agşama çenli ýaldan göwünlerini hoşlap, ýalakdan suw içip, hezil ederdiler; agzy ýeteni golaýdaky otlardan geregini edinerdi; arasynda it
bolup çyñsap, möjek bolup uwlap görýäni-de bardy, şonda allowarrada meýdanda işläp ýören eneler öz çagalarynyñ mähriban sesini
tanap, olar guwanmak guwanardylar: ”Ine, bu meniñ köşegimiñ sesi!”, ”Bu meniñ balamyñ sesi!” Gowaçalygyñ içi yzgarly, dymyljyk
hem ýürekbulançdy, tüýs ýaş gelinleriñ isleýänidi, olar gowaçalaryñ
düýbüni gujaklap, hezil edip çuñdan dem alardylar. Çary-kitabyñ
gelni Gül aýagy agyrka awynyñ güýjüne çydap bilmän ögände, gelinler ylgaşyp gelip, onuñ kellesini gowaçalygyñ içine basdylar, daýhan gelin olaryñ elinden sypjak bolsa:
– Beýtme, wah, garabagt, dem al çygly ýerden! Çuñrakdan! Teniñ
ölsün, öwrenişseñ – tä ölýänçäñ ýaşarsyñ! Çydajak bol, bizem şeýdeşeýde öwrenişdik! – diýip, göwünlik berdiler.
238
Onsoñ tä özünden gidýänçä ýaş gelne añkap, akjaryp ýatan çygly
ýerden dem aldyrardylar, soñra-da ony arkan ýatyryp, öz atyzlarna
gitdiler. Ol awuly dökünleriñ dymyljyk ysyndan düýrügip-düýrügip
ögedi, gaýtarardy, soñam keşiñ içinde guma garylyp ýatan ertirligine
tukat seretdi: ýañy ereşip başlan gowurdaklary eline alyp ysgaşdyrdy, käsini ýañadandan agzyna atdy:
– Ah, ýigrenji durmuş, sen niçiksi süýji!..
Gelinler her gezek gowaçalygyñ içine girende, ärleri ýadyna düşüp,
bagryny ýere oýkardylar; awuly himiki dökünler olara gül ýaşlygyny
ýatladardy, ýüreklerinde öçmejek romantiki duýgulary oýarardy, olar
şu atyzlaryñ içinde tanşyp, söýşüp, durmuş gurardylar, olaryñ iñ
ýakymly ýaşlyk döwri gowaçalykda geçerdi, öz ýarlarynyñ bu ýerde
ilkinji gezek ellerinden tutuşyny ýatlardylar, traktoryñ nurbatlaryny
towlaýan açarlaryñ näzik demriniñ terligi olaryñ ýüregini erederdi;
iki juwan tozap ýatan himiki dökünleriñ depesinde goşa gumry kimin
uzak wagtlap biri birine seredişip durardylar; garañkynyñ gatlyşyp
barýanlygyndan peýdalanyp, ýarlary öz azotly dodaklaryny gyzlaryñ
superfosfatly dodaklaryny basanda, olar üçin bu dünýäde himiki
dökünleriñ tagamyndan lezzetli tagam galmazdy; sowuklasalar-da,
üşütseler-de, gyzdyrsalar-da, bir gysym superfosfat bolsa, gelinler
derrew bäri bakmak bilendiler; işdäsi tutulyp, gowy howadan ýürekleri bulansa, gelinleriñ dermany ýene şol: bir çümmük ýaladygy – tut
ýaly! Erbedi – aş saýy, şonda gelinleriñ süññüniñ çuñlugynda bir
ýerde ähli himikatlaryñ garşysyna aýylganç pitne gopýar, olaryñ diñe
adyny eşidenlerinde-de ögäp, urunýarlar, gök dalak bolýarlar, mümkin bu ýañy emele gelip başlan çaganyñ öz ejesiniñ garşysyna turuzýan pitnesidir? Kim bilýär, näme-de bolanda, wagt geçýär, göwredäki çaga jan girýär, onsoñ ol ýene-atasynyñ garşysyna topalañ
turuzmasyny goýýar, ýagty ýalança inmäniñ aladasy bilen ýaşap
başlaýar; adatça, jan giren çaga eýýäm pagtaçy hasap edilýär, ýöne tä
on alty ýaşap, zähmet depderçesi açylýança olara aýlyk tölenmeýär,
olar ýok hasabyna; hökümet diñe bir ýagdaýda gapyl galýar, ol-da
eger bäbejik atyzyñ içinde dogulsa; bujagaz zandyýamanlar içdençykma halyna işe topulyp, derrew özlerine zähmetgüni edinip
başlaýarlar, olara çäre tapyp bolanok, iş üstünde doglanlygyndan
eden-etdilikli peýdalanyp, derrew pagta ýygmaga başlaýarlar; olar,
adatça, günortana deñeç näçe oýnajak, depirjejek bolsa depirjäp,
239
öýlän eýýäm işe başlaýarlar, onsoñ olara näme çäre tapjak? Entegem
olaryñ köpüsiniñ tüýs zähmet çekjek çagynda, hyjuwyna bäs gelip
bilmän ölmesi bar, ýogsam dagyn olar ene-atalarynyñ işini elinden
alyp, ululary aç dañjaklar, niçiksi nesil!..
Bäbekleriñ işe berlendigini olaryñ ölşündenem biläýmeli, olar çyrlap, ene-atasyny azara goýup ýörmän, mertlerçe, ses-üýnsüz, ýöne
sulugyp ýatyberýärler, ilki birnäçe gün agyr zähmetden dynjyny
alýan dek gözjagazlaryny balkyldadyp, işdäden kesilip ýatýarlar, soñ
bir aýlawda kellejiklerini galdyryp, unaş içirseñ, burçy ýetik bolsa,
tamşanaýjak ýalam edýärler-de, soñra uly adamynyñ gözleri bilen
seredip, ”birazajyk irkileýin” diýen manyda süzülýärler: bu-da gitdikleri. Dil çykaryp ýetişmäni üçin zähmetkeş bäbekler ähli diýjegini
gözjagazlary bilen diýmäge endik eden, onsoñ olaryñ içki syry matal
bolup galýar, ýöne welin soñky deminde olaryñ: ”Ýaşasyn, jenap
ýoldaş Prezident!” diýip, ölýändigini bu ýurtda adam ogly şübhe
astyna alyp bilmez, çünki bu resmi taýdan gutarnykly subut edilen.
Umuman, Çarwanyñ durmuşynda resmi tassyklamanyñ ähmiýeti
uly. Ýogsam nämüçin çarwalar gowaça ekmeli? Merkeze pagta gerek
– şonuñ üçin! Bu ylmy taýdan subut edilen, garşysyna çykmak
mümkin däl. Merkez uly, okumyş hem güýçli, ol hemme zady bilýär,
onu aýdany – aýdan, diýeni – diýen!. Daýhanlar kiçijik, ejiz hem
akmak. Onsoñ olara şeýle görkezme berilýär, meselem, indiki ýyl
pagtany iki esse köp ekseñiz, iki esse, dört esse köp ekseñiz, dört
esse gowy ýaşarsyñyz. Emma, adatça, bu başgaça bolýar: olar pagtany iki esse köp öndürseler, äpet maşynlar hasyli merkeze iki esse,
dört esse köp öndürseler – dört esse çalt daşaýarlar. Onsoñ ýyl ahyrda görseler, olaryñ: öñki gullugy – öñki dullugý, artan zatlary – egineşikleriniñ ýamasý hem el-aýaklarynyñ çory! Emma çarwalylar erjel,
soñky ýyl ondanam köp ýer sürüp, ekin ekýärler, onsoñ garaşyp başlaýarlar. Olar öz hasap-hesiplerinde haýsydyr bir näsazlygyñ höwürtge edinendigini añsalar-da, onuñ anygyna ýetip bilenoklar, çünki onuñ üçin pikir etmeli, pikir etmek üçinem, elbetde, wagt gerek,
ony nireden aljak: çarwalylar ýa ekin içinde ýa-da birahat ukuda.
Uky çarwalylaryñ ýaşaýyşa garşy görýän iñ degerli çäreleriniñ biri,
olar islendik ýagdaýda uklap bilýärler: ýatyp, dik durup, söýenip,
gyşaryp, ýaplanyp, aýbogdaşyny gurap, çommalyp, aslyşyp, çök
düşüp, başaşak asylyp, elleri işli, aýaklary ädikli, eşikli, ýalañaç,
240
gözleri ýumuk ýa-da açyk. Aýratynam iñ soñky uka gidenlerinde...
Bular pagtaçylaryñ ukularynyñ sanlyja görnüşi. Çarwalylaryñ iñ
gowy görýäni-de – agzyñ çörekli uklamak. Bu olaryñ milli ukusy.
Oýananlarynda, begendikli ýaly bolup oýanýarlar, sebäbi, görseler,
jenap ýoldaş Prezidenti tüýs ýürekden söýjek ekenler. Iñ erbedi
ölüm, ýöne Çarwada ölüm bilen ölümiñ parhy kän.
Meselem, obanyñ Kommunistik petik köçesi diýseñ şowly öldi.
Nobatdaky Halk Maslahatynyñ açylan güni köçe bolup başbitin
amanadyñy tabşyrmak, eýsem bagt dälmidir? Onsoñ neneñ iliñ muña
gözi gitmesin, käşgi bu her kime ýetdirip duran bagt bolsa?! Çarwalylaryñ köpüsi adaty günlerde ölýär gidýär, birenteginiñ jesedi-de
tapylanok, patasy çen bilen alynýar. Onsoñ Kommunistik petigiñ
ölümini: ”Hudayjan, bize-de şeýle ölüm nesip etsin-dä!” diýip, küren
oba ýüzüne syldy, ýogsam Kommunistik petik köçesi bir günde öler
diýip, ozal kimiñ kellesine geljek?
Adamlaryñ böwrüni diñleden zat – ol köçäni haçandan öldi hasap
etmeli: ýaşaýyjylaryñ iñ soñky gezek işde görnen günündenmi ýa-da
görünmedik gününden? Kommunistik petigiñ resmi taýdan ölen güni
aýdyñ, ony daýhanbirleşigi kesgitleýär, ýöne adamlaryñ jan beren
güni köneçil garrylara gerek: ölenleriñ üçüni, ýedisini haçan bermeli? Olar öýlerinde ile görünmän, birnäçe gün ýaşapdyrlarmy ýa-da,
hezil edip ölüp ýatypdyrlarmy? Näbelli günleri işiñ hasabyna urmalymy ýa-da nobatdaky zähmet rugsadynyñ? Eger Kommunistik petigiñ ýaşaýyjylary öz ölmeli wagtynda ölen bolsalar, elbetde, bu başgaça bolup-da bilmez, onda olaryñ bagtynyñ getirendigi ikuçsyz – o
dünýä ýollary açyk. Mesele olaryñ ölendiginde däl, bu ýerde hiç hili
ýalñyşlyk ýok, hemmesi gülala-güllük, ýöne ölen köçäniñ yzynda
gerekmejek matal döreýär. Göräýmäge, kynçylyk ýok ýalydyr welin,
beýle däl. Başda bu işi añsatdyr öýdenler soñra bir-birden ökje ogurlap, çöplüge urdular, bu ýöne ýerden däl. Kommunistik petigiñ ýaşaýyjylary işde iñ soñky gezek hepdäniñ ahyrynda görnüpdirler,
soñra olary daşda-içde gören ýok, şenbe güni olar işe gelmändirler,
onsoñ munuñ dümew däldigini añypdyrlar, ýogsam dynç alyş günide, heý, daýhanbirleşiginiñ işinden galyp bolarmy? Kommunistik
petiklileriñ aglabasy, elbetde, göreldeli daýhan hasabynda, ýöne
onda-da birdenkä bütin köçäniñ ölmegi geñ, içlerine näme düşüpdir,
gör, kim bilýär?! Birnäçe gün mundan ozal-da, olaryñ bu dünýäniñ
241
azabyndan köpçülikleýin dynjagyny görkezýän alamat görülmändi,
olar bagtly görünýärdiler, ýöne olar ”dilleriniñ eýesi däl” diýýänlerde bardy, ilçilik; olaryñ öz başlaryna ýetjek gürrüñ eden bolmaklaryda ahmaldyr, ony kim bilýär? Onda-da olara ne döw çalanyny anyk
bilýän ýok, hemmesi çaklama. Nämüçin olaryñ bary birden ölüp
ýatybermeli? Adaty pagtaçylardan olaryñ nämesi tapawutly? Dogry,
olaryñ içinde yssyda – kölegä, sowukda – peçli öýe höwes edýänleride ýok däldi, ”Biz adam şekilli işläp, adam şekilli-de ýaşamaly!”
diýen ýaly hökümet üçin ölüm gorkuly pikiri aýdýanlaram bardy,
onsoñ olaryñ çen bilen näwagt ölüp biljekdigi öñünden bellidir we
bu köçäni ölen gününden beýläk öldi hasaplasa bolar; garamaýak
ölse, adatça, üç günden soñ öldi hasap edilýär. Bu ýurtda üç güne
deñeç adamynyñ ölümi kanuny däl, çeper höwesjeñlik. Jenap ýoldaş
Prezident ýurtda bu kanuny ”Garyp öldi diýdiler, üç günden soñ
duýdular!” diýen çuññur halk pähimine esaslanyp girizdi. Şeýlelikde,
bazar güni geçip, Kommunistik petikliler daşda-içde görünmänsoñlar, pagtaçylar nämedir bir zat añjak ýaly edipdirler, ýöne añmaga
elleri degmändir, köçäniñ ”öldi” habary gelende, hemme zat bulaşypdyr: olaryñ ýarawsyzlygyny gören, agyzlaryna pamyk bilen suw
damdyran ýok, onsoñ nädip olar ölmeli? Geñ. Belki, bu kakynsilkindir, ýedi ýoldan şaýlyk tapandyrlar? Belki, bütin köçe bolup,
ýakmaz zat iýendirler? Belki, ýerden darak tapyp, başlaryny darandyrlar? Ýoldan monjuk tapyp, boýunlaryna dakynandyrlar? Az iýip,
añsat ölüm!..”
Goñşy köçeler Kommunistik petiklileri iñ soñky gezek haçan görendiklerini ýatlap bilmediler. Olaryñ gepinden çen tutsañ, ölenleri
bazar gününiñ ertesi irden daşda-içde gören bolup çykýarlar, ýöne
köçäniñ ümbilmez uşaklarynyñ gepinden çen tutsañ, onda olaryñ
ene-atalary has öñräk, belki bir ýyl mundan öñ ölen bolmaly; çagalaryñ käbiri: ”Enem bize hiç wagt iýere zat bermedi, biz onuñ elini
ýalap oñduk” diýişýärler; olar açlykdan surnugyp, hepdäniñ ikinji
güni howa ýagtylanda siñekläp, goñşy köçelere bosup çykypdyrlar.
Bu taýda çagalaryñ gürrüñine gulak gabartmasañ, alajyñ ýok, olaryñ
gürrüñi-de üzlem-saplam, kiçileri: ”Meñ enem uklap ýatyý” diýseler,
ulujalary: ”Meñ enem düýn däl, öññun däl, ho-ol gün öldi” diýýärler,
emma käbiri: ”Enem ölenok” diýip, uly doganlaryny ýumruklaýar,
olaryñ haýsy birine ynanjak?
242
Bu hadysa barada nämedir bir anyk habar eşitjek bolanlaryñ lapyny
keç eden zat – çagadan başga gürrüñdeş tapylmandygy, ýogsam bu
ýere ygyp-sagyp hatda daşary ýurt jurnalistlerinden-de düşen barmyş
diýip gürrüñ edýärler. Ýöne olaryñ çaganyñ gürrüñine gulak gabartmaga haklary ýokmuşyn. Ýöne onda-da edil häzir balajalaryñ gepini
diñlemeseñ, dagy alajyñ nä, ulularyñ gepe-gürrüñe eli degerli däl,
olar köçäni jaýlamaly, ýöne nirede: ölüleri öwlüýä äkitmelimi ýa-da
öwlüýäni oba getirmelimi? Bu keýpine dörän sorag däl: uzyn köçäni
göterip gonamçylyga göçürmek – duşmany güldürmek, gowusy –
gonamçylygy oba getiren ýagşy, sebäbi öwlüýäni gozganyñ bilen
dünýä gapyşmaz, oña daşary ýurtlar-da garşy bolup durmazlar, hatda
ünsem bermezler, diýmek bu amatly.
Bu habar jenap ýoldaş Prezidentiñ gulagyna ýetende, ol elektron
hasap maşynynyñ düwmelerine basyp, öz ýurdunyñ ýetim ýetişdirmekde dünýäde birinji orna çykandygy bilen ýanyna baranlary tüýs
ýürekden gutlapdyr. Onuñ: ”Men özümiñ ýetimleriñ çyn hossarydygymy bütin dünýäniñ öñünde subut ederin!” diýen sözlerini gazetler
şol günki ýörite goýberlişde halka ýetirdiler. ”Ýetimler – biziñ döwletimiziñ gülleridir!” ”Ýetimler – biziñ gelejegimizdir!” diýen şygarlar halkda öz geljegine uly umyt döretdi.
Ozalky wagtynda oýanyp, Kommunistik petigiñ çagalary öz eneatalarynyñ arkaýyn serlip ýatandyklaryny görüpdirler, ”Ýöne reñklerini halamadyk” diýýärler; käbiri: ”Ahyrzaman gopandyr, ýogsam
ulular Gün dogmanka meýdanda bolmaly!” diýşip howpurgapdyrlar”; onsoñ jyñklaryny çykarman, birnäçe gün garaşypdyrlar, emma
köçede tirsegine daýanan tapylmandyr. Ençeme gezek guşluk, günortan geçipdir, Gün dogup, Gün ýaşypdyr, beter garaşmaga çydaman,
ümbilmezler ýatanlaryñ daşyna üýşüpdirler, ellerinden, aýaklaryndan
çekeläpdirler, depibem görüpdirler – netije bermändir; soñabaka
öýleriñ içi siñekden dolup, ýatanlaryñ üstüne hüjüm edipdirler, siñekden ýaña demsiz-düýtsüz ýatanlarýñ agzynda-burnunda barmak
basara ýer galmandyr, olar siñekden goranjagam bolmandyrlar; onsoñ çagalar tä elleri guraýança ýaglyk bilen ölüleriñ ýüzüni ýelpäp,
olaryñ dirilmegine garaşypdyrlar; şeýdip, ençeme gezek garañky
düşüpdir; siñekler ýatansoñ, usurgan çagalar-da hiç zada ýaraman,
ýykylyp uklap galypdyrlar; ertesi irden turup, ene-atalar hemişeki
ýaly oýanarlar, çaý-çörek iýerler, ýüzlerini ýelpänleri üçin özlerine
243
sagbol aýdarlar öýdüpdirler, emma beýle bolmandyr, oña derek
ýene-de siñekler guduz açypdyrlar, öýleriñ içine agyr ys aýlanypdyr;
onsoñ çagalar ol köçeden gaçyp çykypdyrlar. Süýrenişip, daş çykanlarynda, siñekleriñ ýarysy çagalaryñ daşynda ekeni, gara bulutdan
enaýy däl diýýär; Kommunistik petikden beýle hapysalyga garaşanlar hem garaşmadyklar çagalaryñ ters yzyny çalyp, olaryñ gapylaryndan barsalar, öýler durşy bilen siñekleriñ ygtyýarynda ekeni.
”Wah, diýip, soñra goñşulary dyzlaryna urdular, gapylarynda göleli
sygyrlary bolanlygynda (jenap ýoldaş Prezident ilkibaşda her hojalyga göleli sygyr wada beripdi), molap, goñşy-golama duýdurardy, bir
kemi adam dilinde gepläp bilmeýäni diýmeseñ, sygyr maly eýesine it
dek wepalydyr, arman, olar bu ilde hojalyklaryñ gapysyndan gelmedi.
Meseläniñ çözgüdini çözülmeze goýup, oba Kommunistik petigi
ertir guşluk jaýlamaly etdi. Şol günem welaýat merkezinde Halk
Maslahaty açyldy, mundan uly abraýy nireden aljak? Onsoñ köçäni
jaýlamaga höwesegiñ köp boljagy öz-özünden düşnükli, adamlar edil
norma boýunça berilýän arzan döwlet harytlaryny almaga barýan
ýaly hatar tutup, sanma-san geliberdiler, ellerinde-de: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen ganatly şygar.
Kommunistik petigi jaýlamaga ugramazdan öñürti çarwalylar kontoryñ agzyna ýygnanyp, bu gün welaýat merkezinde açylýan Halk
Maslahatyna wekil saýlanan obadaşlarynyñ şanyna dabara guradylar.
Bu iki çäräniñ gabat gelmegi olary begendirdi. Obanyñ adyndan:
Kakabaý Garasöýmez (erkeklerden), Abat (aýal-gyzlardan), Şaly
(hyjuwly ýaşlardan) üçüsini ýola salyp, adamlar uly ruhybelentlik
bilen ölüleri eginlerine alyp ugradylar. Gölegçileriñ gidişi çaltdy,
şonuñ üçinem obadan çykan ýeriñdäki dört çatrykda ýap-ýañyja
özleriniñ Halk Maslahatyna saýlan wekilleri bilen ýollary kesişdi.
Wekillere ýol bermek üçin gölegçiler ölüleri ýerde goýmaga çemelendiler, emma şol wagt kimdir biri däp boýunça hergiz gölegçä ýol
berilýändigini ýatladyp hüñürdedi: ”Eger biz ölüleri Gün ýaşandan
soñ depin etsek, onda bu bendeleri o dünýäde ilki jynlar garşy alarlar, olary bogup gynarlar, olar-da erbet-erbet çygyryp, uzyn gije obany ýatyrmazlar!” Däp-dessur ýatlaryna düşende, gölegçiler tolgunjak
boldular. Ýöne Halk Maslahatyna barýan wekiller aralaryna girip, bu
244
gelşiksizligiñ öñüni aldylar, olar Halk Maslahatynyñ öli ýerländen
has möhüm işdigini çalasowat märekä iki sözde düşündirdiler:
– Samsyklar, akyllyja boluñ! Biz ýygnaga barýarys, diýmek, biz
eýýäm häkimýet!
Märeke öz eden etmişine ökünip, uludan ýuwudyndy: ”Aman bolan
bolsa, belki, bir zat diýerdi – diýşip, adamlar, ah çekdiler. – Ol ýerden ýeke çykan, tüwmaýak, oña kişi gepini çekmegiñ geregi ýok,
biziñki kyn – çagaly-çugaly, doganly-garyndaşly – biz gözi bagly
guş. Aman almasa, biziñ arymyzy kim alar?”
Professional gabyr gazyjy görman Sapar-ýalañaç telpeginiñ eteginden elini sokup, takyr kellesini hartyldatdy.
– Siziñ diýýäniñize näler ynanjak, ýöne men Amana belet, birewiñ
aryny alardan onuñ boýy kelte, satanynyñ arasyndan şemal geçenok.
Siz kölege güýmenjesini Öwez bilen bulaşdyrmañ. Arman, Öwez
takyr tümmek boldy, ýogsam…
– Çary-kitap näder? – diýişdiler.
– Günüñize ýanaýyn: ”Barym-ýogum – bir Nazar, ölse, görüm kim
gazar?” Bir adam ot bolanda, niräni ýakjak?
– Köpçülik diýeniñ maldyr, başyny başlan tapylsa, yzy sürrek bor,
özüñ gaýrat etjek dälmi?
Sapar-ýalañaç märekäniñ bir çetinde galanyny görüp, derrew köpüñ
içine özüni urdy.
– Gaýratdan başga näme diýseñiz tapylar. Men nä siziñ biriñiz dälmi? Kommunistik petigiñ aladasy – meniñ boýnuma! – Biziñki boljak däl-ow... – gölegçiler uludan dem aldylar. – Ah, Aman, haçan sen
il üçin janyñy gurban edersiñ?
Märekäniñ içinden görmanyñ gyryljyk sesi eşidildi.
– Ol heleýini alyp, çöle çykdy. Sakgal goýberip, çölde aşyk oýnap
ýör!
Gölegçileriñ biri tutuk hüñürdedi:
– Sakgal goýberen bolsa, ýurdy ýykanda, kim onuñ öñünden çykjak.
Halk Maslahatynyñ wekilleri gölegçileriñ arasyndaky ”hyşywyşyny” eşidenlerinde, ýygnak çagyryp, adamlaryñ badyny almalydygyny bildiler: ölüler haçan gömlende nä, gyssanyp gitjek ýerleri
barmy? Prezidium saýlandy, çykyş etjekler atlaryny ýazdyrdylar,
245
reglament bellendi. Ýygnagy alypbaryjy gün tertibini yglan eden
badyna Halk Maslahatynyñ wekilleri öñe çykdylar.
– Hawa, adamlar! – diýip, olaryñ hyjuwlysy resmi söze başlady: –
Bilşiñiz ýaly, men nyzamly goşunda gulluk eden! – gölegçiler onuñ
Şalydygyny derrew tanadylar. – Ylgamakda, tüpeñ atmakda, zat
götermekde, iñ esasy-da – syýasy okuwda – tapawutlanan! Döşümdäki nyşanlara serediñ! – köpçülik seretdi. – Meniñ diýjegim: her bir
adam ölüp biler, emma her kes Halk Maslahatynyñ wekili bolup
bilmez! – gölegçiler gürrüldili el çarpyşdylar: ”Berekella!” diýen
sesler dumly-duşdan ýañlandy. Bir çetde eginlerini gysyşyp ýatan
ölüler bu şowhuna tisginişip, olaryñ üstüne atylan gara seçekliler
galgaşdylar. – Dogrusy, ölmek üçin ullakan bir akyl, sowat, gerek
däl, adamynyñ ajaly ýetýär – ölýär – wessalam, gep tamam! Şonuñ
üçinem, ”öldi” diýip, geliñ, adamyny öz bolşundan ulaltmalyñ!
Kakabaý Garasöýmez meseläniñ gölegçileriñ ünsüni meseläniñ
syýasy tarapyna çekdi:
– ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Eýsem, ýaşaýyş hakynda
şundan beýik pikiri aýtmak mümkinmi? Ýok, hiç haçan! Ýaşasyn,
jenap ýoldaş Prezident!
Garasöýmeziñ çykyşy gölegçileriñ arasynda syýasy taýdan görnetin
öñegidişlik döretdi, märekäniñ ruhy göterilip, tabytlary taşlap, yza
gaýdarly göründi; adamlar ölüleriñ bolup ýatyşlaryna düşünmän,
señriklerini ýygyrdylar. Halk Maslahatynyñ wekilleri özlerine ynanylan işi añry ýany bilen berjaý edip, ýygnagy şarpa ýapdylar.
Ýöne çekinjeñlik bilen orta çykan Abat ýygnagy, haýyş edip, ýañadandan açdyrdy.
– Men bir näzik aýal maşgala hökmünde söz sözlemekçi. Medeniýet işgäri bolsañ, gözüñ köp zady görýär. Gözlerimiñ gyzgyn ýaşyny saklap bilmeýişim ýaly, bu wagt men gursagymdan çogup
çykýan sözleri-de saklap biljek däl. Hawa, ýañky aýdyşym ýaly,
näzik aýal maşgala, hökümet-partiýanyñ oñlan güni geljekki ene
hökmünde, men bu adamlary gömmäge garşy. Nädip bulary gara
ýere dözjek? Eýsem, bular biziñ merdana zähmetkeşlerimiz dälmi
näme? Amerikalylar, men ol ýurt bilen içgin gyzyklanýaryn, bu tetelli adamlara: ”He made himself”, ýagny ”Özüni özi ýasady” diýýärler.
Bu adamlar şeýle bir üýtgeşik, bularyñ ýadygärligini ýasamaga
älemde mynasyp material tapdyrmaz! Bulara meñzeş – bularyñ diñe
246
özünden önýär, diýmek, bu adamlara mynasyp ýadygärlik dikmek
biziñ ýaş döwletimize bäri-bärde başartmaz. Şonuñ üçin-de, zerur
işleri geçirip, ýagny kakadyp hem aýna gaplara salyp, bulary öz gapylarynda hemişelik dikmeli. Goý, geljekki nesillerimiz bütin köçe
bolup tarpa-taýyn ölýänçäler dilsiz-agyzsyz işlemegiñ nusgasyny
görkezen bu merdanlardan nusga alsynlar! Çarwanyñ zähmetkeşleriniñ adyndan bu meseläni Halk Maslahatynda goýmagy maña rugsat
ediñ. Biz her bir adamyny öz ýerinde ulanmalydyrys! Geliñ, indi
gölegçileriñ adyndan welaýat merkezinde açylýan Halk Maslahatyna
gutlag ibereliñ!
Gölegçiler ýedi ýoluñ çatrygynda durup, dabaraly gutlagyñ tekstini
biragyzdan kabul etdiler.
– Gaty sowamankalar ölüleriñ hut özi-de bu ýüzlenmä gol çekäýseler, gowy boljakdy... – diýip, Kakabaý Garasöýmez ikirjiñlenjek ýaly
etdi. – Ikibaşdan olar entek kepen paýlaryny alandyklaryna-da gol
çekmeli.
– Ýok, görşüñiz ýaly, bu ýerde otuz dört kişilik kepen tygşytlanýar.
Şeýle dälmi, Şaly?
– Hawa, Sosialistik geçelge bilen çatrykdaky öýüñ ýaşaýyjylary
bilen – dogry otuz dört!
– Diýmek... – Abat Kakabaý Garasöýmezi dikanlady, – wagtlaýynça işden galan daýhanlar hökmünde bular resmi käýinçden
gutulyp bilmezler. Ýöne men oba müdiriniñ adyndan Kommunistik
petigi hut häziriñ özünde ”Köçe-muzeýi” diýip yglan edýärin we
bulary muzeýe eksponat edip işe alýaryn.
Görmanyñ gyryljyk sesi bu gezek aýratyn basyk çykdy:
– Dirileriñ öwlüýäsine diýseñizläñ...
Abat bilen Kakabaý Garasöýmez ynjalykdan gaçjak bolup garanjaklaşdylar, ýöne soñra hüñürdi gara ýerden çykandyr öýdüp, aýaklarynyñ aşagyna seredip oñdular. Şaly depderine nämedir bir zatlar
aladaly çyrşady.
– Köçe-muzeýinden gelen girdejiler obamyzda döredilen jenap
ýoldaş Prezident adyndaky Ýetimler öýüni maliýeleşdirmäge sarp
ediler. Kommunistik petige aýak basanyñ her biri – oña aýak basmazdan obada ädim ätjek gümanyñ ýok – muzeýiñ tomaşaçysy hasap
ediler. – Abat soñra Kakabaý Garasöýmeze tabşyryk berdi: – Eksponatlaryñ geljek hepdäniñ başyndan işe çykmagyny üpjün ediñ!
247
Hemmeler hoşal boldy. Wekiller şol ýerden welaýat merkezine
gitdiler. Aýylganç ruhlanan gölegçiler bolsa, ölüleri eginlerine alyp,
yzlaryna jünediler. Köpçüligiñ ruhubelentligi zadyñ çaky däldi, ýadamak-ýaltanmak bu wagt adamlaryñ ýadyna-da düşenokdy. Niredendir bir ýerden ýetip gelen molla, muzeýde işe başlamankalar,
ölüleriñ jynazasyny çykdy; ol aýat-töwiri şeýle bir labyzly okaýardy
welin, diñläniñ añkasy aşyp barýardy, onsoñ adamlaryñ öli gömesi
gelip, gylmany gyl kesdi. Kommunistik petiklileriñki ýaly bagtyñ
getiräýmese, häzir bu mähelläniñ elinden ýere gömülmän sypaýmak
çetindi.
Gölegçiler dolanansoñlar, obanyñ dabarasy has-da artdy, çünki
welaýat merkezinden Halk Maslahatynyñ ertesi Çarwada dowam
etjek habary geldi; muny eşidende, halkyñ gözüne bagtdan ýaña ýaş
aýlandy: diýmek, obada iýilýän zat satylsa gerek?..
Ýasy gowy görýän garry-gurtular öz öýlerine dykyldylar, oña derek
köçeleri dürli şygarlar doldurdy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ dumlyduşda galgaýan: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen pähimi
daýhanlaryñ hüşgärligini artdyrsa, ”Palaw – Halk Maslahatynyñ
manysydyr!” diýen ganatly sözleri olaryñ agyzlaryny suwardyp,
gyllygyny akdyrdy. Eli egri gylyçly hünni gara adam obany köçeköçe syryp, adamlaryñ ýüzüne çiñerilende, öz obalaryna jenap ýoldaş Prezidentiñ geljekdigine daýhanlarda birjik-de şübhe galmady,
olar bu waka şeýle bir begendiler, hatda eli ýalañaç gylyçly kişiniñ
ýanyna golaý-golaý baranlaryny-da duýmadylar.
– Sen Kakabaý Garasöýmezmi? – olar ondan ýöwsel soradylar. –
Sen biziñ öz obadaşymyzmy?
Çekge süñkleri çykyşyp duran, gözi gyýkmak, saçsyz, gulaklary
şapbat ýaly, höküdik pyýada:
– Ýogsam näme?! – diýip, gylyjyny syrdy-da: – ”Degene gözüm
menden däl!” – edip haýkyryp, ony töweregine bulaýlady, şonda
ýakyn gelenlerden birnäçesiniñ gulagy, burny kirşeniñ içine patlap
düşdi.
Hünni gara pyýada soñra dişlerini syrtardyp, gylyjyny süýredi ötägitdi, eýsem ol kime näme diýsin? Onsoñam ol daşyndan ýadaw
görünýärdi, asyl dilini ýarasy gelenokdy, belki, gylyç süýräp çykanyda şonuñ üçindir? Kimdir biri ýene sorag berjek bolanda, ol it ýaly
hyñranyp, gylyjyny süýr depesinde bulaýlady, adamlar dyr-pytrak
248
bolup, sag-aman öýlerine sümüldiler. Sorag beren öýüniñ gapysyna
ýetende, büdräp ýykyldy, görseler, onuñ takga jany çykan ekeni,
ýüregi ýarylypdyr, onsoñ oña gaçmak gerek bolmady. Sag-aman
özüni öýe atanlaryñ bagtdan dilleri tutuldy, olaryñ aýallary geljek
ýylyñ hasylyndan Hudaý ýoluna çörek aýdyp, öz ärleriniñ diliniñ
açylmagyna garaşdylar. Jenap ýoldaş Prezident olara göwünlik berdi:
”Täze ýyl hasyl bol bolar, men size Hudaýyñ adyndan söz berýärin!”
Ertesi ýygnak başlananda, eli egri gylyçly Kakabaý Garasöýmezi
jenap ýoldaş Prezidentiñ ýanynda görüp, daýhanlar gutarnykly ynjaldylar: ”Diýmek, ol bir gezip ýören garakçy däl, hökümediñ işini
edýär!”
Kakabaý Garasöýmez obadaşlarynyñ içki begenjine goşulyp, endigine görä, dişlerini syrtartdy. Onuñ gözleriniñ o diýen bulanyk däldigini obadaşlary diñe bu gün, haçanda ol jenap ýoldaş Prezident
bilen ýanaşyk oturanda bilip galdylar: häzir onuñ gözleri dag çeşmesiniñ suwy dek dury göründi… Ýöne onda-da Kakabaý Garasöýmeziñ her adamyny aýratynlykda görüp bilmeýändigini daýhanlar derrew bildiler, megerem, ol diñe jenap ýoldaş Prezidentiñ ýüzüni tanaýandyr, galan kişiler onuñ üçin köp kelleli mähelledir. Onuñ oturyşy ykjam, gyljynyñ ujundan gara gan damýar: jop, jop, jop...
Diýmek, Halk Maslahaty açylar. Garaşdylar. Ýöne açylmady. Hany
palaw? Hojam Şükür elewredi: jenap ýoldaş Prezident palawdan
nägile bolsa, oña jyzlanyñ ömri uzak görünmezmi?
Şol demde gerşi aýlampaçly uçak arlap, göge göterildi. Gijäniñ
ýarynda ýadaw gütürdäp yzyna gelende, onuñ içinden idirdedip, ala
donly ýesiri ýere düşürdiler. Bu ýesire kyrk hyzmatkär berdiler, ýöne
ol ysnada iş ynanmady: bir özi ojak gazdy, käşir, et, sogan dogrady.
Dañdana deñeç gazanlapyñ daşynda ala don dynman galgady. Onsoñ
dañ tilkiguýruk bolanda, kyrk ojakda atapylan kyrk sany kyrkgulak
gazandan pagta ýagynyñ gyzgyn tütüni göge göterildi. Ala donly
ýesiriñ hyzmatynda duran kyrk hyzmatkär onuñ eline kyrk kündükden suw akytdylar. Ýesir bilini ýazanda, Gün göge naýza boýy göterilip, palawly gazanlardan agzyñy suwardýan ys burkutdy. Buga
goýlan tüwiniñ oduny az gören kyrk hyzmatkär ýesiriñ ýadawlygyndan peýdalanyp, kyrk ýerden kyrk ojaga elleri ojar odunly topuldylar, şol bada-da olaryñ süýr depesinde:
– Kaç! – diýen haýbatly ses ýañlandy.
249
Ýanyp duran ojary eline alyp, ýesiriñ özi gazanlaryñ daşynda hozanak boldy: elindäkini gazma ojaga sokýar-da, gazanyñ aşagyndan
dem salym aýlap alýar. Gyzgyn gazanyñ düýbüne oduñ ysyny
berýär. Onsoñ Gün guşlukdan aganda ilde-günde ýok palaw taýyn
boldy. Şol demde-de aýlampaçly uçar ala donly ýesiri alyp, göge
göterildi. Netijede Halk Maslahaty öz-özünden açyldy. Adamlaryñ
süýr depesinde jenap ýoldaş Prezidentiñ elektron usulda milli gulaklara ýakymly edilip guýulýan çakyr sesi ýañlandy.
– Halka gerekli kararlaryñ hemmesini men eýýäm kabul etdim.
Halky gaýgy etmäñ. Gaýgy adamynyñ ömrüni gysgaldýar. Siz partiýa tejribesi ýetik adamlar: agyñ – gapa, garanyñ-da – akdygyny
gowy bilýärsiñiz. Onda Halk Maslahatynyñ işdäsini açyk diýip yglan
edýärin! Bissymylla – bereket, elimiz bilen – hereket: iýiñ, içiñ, semräñ!
Ak, gara, çal, mor sakgallylar we doga köseler saýlama was tüwüsinden bişirilen şireli palawa agzybirlik bilen el urdular. Berre guzynyñ ýumry eti, gyzyl käşir bilen lükgelenen şireli tüwi sakgalmurtlaryñ arasyndan ýol salyp, kakadylan erik kişdesidir saryja kişmiş çeýe barmaklara dolaşyp, iýijileriñ gylmanlaryny gyl kesdirdi.
Kararlaryñ kabul edilişi ýokary döwlet derejesinde gitdi: wekiller
agyzlaryna atan tüwüsini çeýnäp ýuwudan uçurynda nobatdaky karar
okalyp, ses berişlik olaryñ indiki ýuwdum tüwi üçin tabaga agzybir
el urýan wagtyna ylaýyjak gabat gelýärdi. Şeýlelikde, biragyzdan
ýagly ses her demde üpjündi. Aksakgallaryñ tabaga ellerini has ýokardan aýlap urmasy Maslahatyñ dabarasyny aýratyn-da artdyrýardy.
Bu agzybirlige jenap ýoldaş Prezident atalyk mähri bilen guwanýardy, şeýle pursatda öz ýurdunda halka geñeşsiz iş etmejegine ol ýürekden ynanýardy we bokurdagy dolup, halkyñ erkine guwanmakdan
ýaña onuñ bulanyk gözlerine dury ýaş aýlanýardy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ gözlerine gözi düşenler olaryñ reñkiniñ garadygy ýa-da
däldigi dogruda jedel ederdiler, ýarysy: ”Gara” diýse, galan ýarysy
kes-kelläm ylalaşman: ”Ýok, ne gara, ne goñur, ne gök, ýöne hem
gara, hem gök, hem goñur!” diýerdiler; olaryñ gepini diñleseñ, onda
jenap ýoldaş Prezidentiñ gözleriniñ reñkini biljek gümanyñ ýokdy;
olar çal bolmalydy, çal bolmasa, onda nähili bolsun? Belki, onda
onuñ gözleri goýun göz bilen geçi gözüñ aralygydyr, belki-de, çaldan geçiren mawy ýalçykdyr, kim bilýär? Onuñ gözleriniñ hakyky
250
reñkini gören tapylmasa, ony nädip biljek? Görenler bar bolsa, hany
olar nirede? Jenap ýoldaş Prezidentiñ gözleri dogrudaky jedel assyrynlyk bilen kä güýjäp, kä gowşap gidip otyr, eger oña döwlet derejesinde nokat goýulmasa, bolgusyz gürrüñleriñ çişmeginiñ ahmaldygyny añanda, jenap ýoldaş Prezident öz gözleriniñ hem saçýnýñ reñki dogruda halka peýdaly ýörite perman çykarmaly boljakdygyny
pikir etdi, ýogsam onuñ takýrkelledigini, her gözüniñ reñkiniñ dürlidürlüdigini-de güman edewersinler! Bu pikir onda aýratynam edil
häzir güýjedi, sebäbi tribunanyñ halka jenaýatçylykly golaý gurlany
üçin märekäniñ içinden öz gözlerine bilesigeliji añkarylýanlaryñ
sanynyñ artýandygyny ol derrew gördi, Musanyñ gözleri has-da
ýitidi, nazarlary çaknyşanda olaryñ ikisi-de oturan ýerine suw çykana
döndi. ”Muny Baş oba müdiri belläýin, halkyñ içinde oturyp, maña
gözüni dikmesin” Musa şol demde barýp, ondan ötünç sorap, minnetdarlýk bildirmelidigini sýzdý, ýöne gedemlik etdi, haýp, şonuñ
üçinem guýruksyz galdy...
Jenap ýoldaş Prezident ýakymsyz oýlardan gutulmak üçin öz agzy
ullakan Köşk şahyryny ýanyna çagyrdy.
– Taryh maña kän garaşdy, ynha, indi men taryhy fakt! Meniñ bir
gysga, bir-de uzak terjimehalym bar. Gysgasynda – men ýetim, uzagynda – men antiki döwürden başlanỳan. Ỳöne ýüregimiñ çuñunda –
men şol bir adam, düşnüklimi! Dünýäniñ Täze taryhy ertire deñeç
taýyn bolsun, kagyz-galamy gaýgyrma, küti kitap ýaz!
– Ýok!- diýip, agzy ullakan şahyr näz etdi. – Men...
Emma şondan soñ ol bir söz aýtmaga-da ýetişmedi, prezidiumda
oturan Diller institutynyñ müdiri Gaşlak üstüne topulyp, derrew ellerini syrtyna dañdy-da, ony idirdedip, öñüne salyp ugrady.
– Atmaga äkidýän bolsañyz, oña meniñ ”Ýagşylyklar” fondumdan
bir saýawan! – Döwrüñ depesindäki adam jomartlyk bilen seslendi. –
Ýogsam, onuñ depesinden Gün geçer. Gün geçse – sowuk uran bilen
des-deñdir, erbet eder.
Halk Maslahatyna tötänden düşen halk wekili gorkuly seslendi:
– Elleri syrtyna dañylgy adam saýawany nätsin?
– ”Ýagşylyklar” fondy diñe sowgat berýär, maslahat berenok! –
Döwrüñ depesindäki adam onuñ jogabyny nagt etdi: – Saýawany
ulanmagyñ düzgüni onuñ ýany bilen berilýän gollanmada bardyr…
251
– Ýo-ok! – diýip, onýança agzy ullakan şahyr bagyrdy. – Men jenap ýoldaş Prezidenti eýýäm şu gün agşam taryha saljak! ”Kitabym
eýýäm taýyn” diýjek boldum!
– It ogly! Başdan şeý diý-dä! Nämüçin sözlemi grammatiki taýdan
ters düzýäñ?! – Gaşlak müdir dişinden syzdyrdy. – Men hiç kese öz
mähriban ene dilimizi harlatman!
Mekirleç gözleri hanasyndan çykara gelen agzy ullakan şahyr Gaşlagyñ elinden sypyp, jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagyna ýykyldy.
Köşk şahyrynyñ etlek owurtlaryndan ýel alýan ullakan agzyndan
göwnühoş jenap ýoldaş Prezident onuñ ýazyjy kellesini atalyk mähri
bilen sypalady, öz-özüne guwandy.
– Ýeri, nädip men muny edindim, nesibe-dä! Aýdyber, bally!
– Eý, halk! – ol sesine bat berip, gözüne ätiýaçdan ýaş aýlady. –
Kakam pahyr bu günlere kän garaşdy, dilegde-dogada boldy. Bärde
esasy zat umyt, ynam, dileg, doga, kasam! Men dogmaly wagtymdan
giç doglandyryn öýdýärdim, asyryñ başynda doglanlygymda, has uly
işlere ýetişerdim diýýärdim, emma beýle däl ekeni, jenap ýoldaş
Prezident wagty durzup, ony yzyna öwürmegiñ hötdesinden geldi.
Bu diñe beýik adamlara başardýan iş. Eger enem meni giç dogran
bolsa, onda diñe bir zat üçindir – ol jenap ýoldaş Prezidentiñ taryhyñ
sahnasyna çykmagyna garaşandyr! – ol etlek barmagyny öz hojaýynyna garşy batyrgaý çommaltdy. – Dünýäde şundan beýik jenap
ýoldaş Prezident ýok, bolubam bilmez! Beýigi öwmek üçin mertlik,
paýhas, beýik zehin gerek. Mende şol zatlar bar, bolmadyk bolsa,
heý, men bu beýik adamyny görüp, oña guwanyp bilermidim, elbetde, ýok! Ýöne Hudaýa şükür, maña duýmak, syzmak bagty berlipdir.
Bir zady açyk aýdyp biljek: bu oturan adam... – ol ýene-de töweregine dokluk şöhlesini ýaýradyp oturan jenap ýoldaş Prezidente ýagly
barmagyny ine-gana çommaltdy, – ...ine, adamlar, bu oturan adam –
adamlaryñ iñ adamy! Bu beýik hakykaty inkär edenlere baky nälet
bolsun!
Aksakgallar ellerinden palawyñ ýagyny sarkdyryp, gürrüldili el
çarpdylar. Elini ugursyz çarpan iki aksakgalyñ sakgalyndan şol bada
çal gyl tapyldy we olar yzyna it salnyp, ýygnakdan kowuldylar. Itler
adam ýarmany öwredilendi. Alasakgallar gaçyp baryşlaryna obanyñ
ýagly çeleklerine ýykyldylar.
252
– Olar näme öldülermi? – diýip, daşary ýurtdan bu ýere saý-sebäp
bilen düşen saryýagyz inçemik jurnalist uly ili bilen möññürdi.
– Ýok... – diýip, Diller institutynyñ müdiri gaşlaryny darap, oturyşyna eliniñ tersi bilen onuñ gözýaşlaryny süpürdi. – Olar ölmezler,
olar diñe ýaga çümdüler, diýmek, olar asyrlar boýy ýaşarlar! Jenap
ýoldaş Prezidentiñ adam zaýalajak gümany ýok, ol ikisi-de zaýalanmaz, adam ýagda çüýremeýär, haçan isleseñiz, gelip görüp bilersiñiz.
Seslerini eşiderin diýseñiz, dil biteli bäri diýen zatlary Diller institutymyzyñ degişli bölüminde bardyr, geliñ, diñläñ, lezzet alyñ! Bizde
hiç kim unudylanok, hiç zat ýatdan çykarylanok!
Bu wagt Derwüş baba märekä ýüzlendi:
– Sakgaldaşlar! Men ähli ak, gara, çal we mor sakgallylaryñ adyndan bir teklip girizmekçi... – adamlar aşak bakdylar. – Ana, şony
ikelläp goldamak üçin Döwrüñ depesindäki adama söz berilýär!
Döwrüñ depesindäki adam edep bilen garnyny gäberdip öñe çykanda, jenap ýoldaş Prezident erinlek ýylgyrdy, ýerinden turup, onuñ at
gaýtarym ýasy ýüzüni öz elýaglygy bilen süpürişdirdi.
– Adamlar, jenap ýoldaş Prezidentiñ gije-gündiz biziñ ugrumyzda
at çapýandygyny obrazly aýtsa bolar. Oña uky haram. Oýalyk-da.
Iýgi-içgi-de, dynçlyk-da. Ol ýaşanok, diñe alada edýär, ol ýadanok,
diñe alada edýär! Obrazly aýdanyñ-da, ol biziñ birimiz hem-de biziñ
– barymyz! Obrazly aýdanyñ-da, ol biz üçin hemme zat! Onsoñ bize
hemme zatdan daşgary ýene näme gerek? Diýmek, men ony müdümilik jenap ýoldaş Prezident saýlamagy teklip edýärin! Atababalarymyz aýtmyşlaýyn, kim garşy bolsa, özünden görsün! Ses
berdik: ýaş-şasyn! Ana, boldy, indi biziñ müdümilik jenap ýoldaş
Prezidentimiz bar! Görüp bilmedigiñ, gözi çyksyn! – ol yzyna öwrülip, eline berlen käsäni başyna çekdi, ýogyn-ýogyn gägirdi, dowamly
synçgyrdy. – Ýene-de bir teklip. Spirtli içgileriñ deregine ýurdumyzda ant içmegi girizmeli!
Sakgally märekäniñ gozgalañ tapandygyny gören jenap ýoldaş Prezident zerur takyklamany girizdi:
– Sakgaldaşlar, bu kanun Halk Maslahatyna däl-de, halk köpçüligine degişli. Onsoñam arak bir soñky çykan zat: Gurhanda diñe şerap
gadagan, onda gitdikmi?!
253
Müñlerçe käse birdeñ ýokary galyp, ak sakgallaryñ içinde müñküldeýän saññy dişli garañky agyzlara erñegini diredi. Prezidiumdan
agzy ullakan şahyryñ ekspromt dörtlemesi ýañlandy:
Gaça dur dowzahy
Şerapdyr gantdan.
Başyña çek datly
Kasamdyr antdan!
Jenap ýoldaş Prezident ör turup, gysgaça minnetdarlyk sözüni sözledi.
– Siz meniñ mährime mähir goşýañyz. Geliñ, aradaky hemme resmilikleri aýralyñ: indiden eýläk maña ýurduñ Müdiri diýseñizem
bolar – aksakgallar gözlerine ýaş aýladylar. – Ýöne entek bu barada
Perman çyksyn, gyssanmañ. Ah, kiçigöwünlilik meni halys igletjek...
– Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez!
Aýylganç el çarpyşyk gopup, ýer-gök lerzana geldi.
– Bagyşlañ... – şol wagt daşary ýurtly jurnalist agzy ullakan Köşk
şahyryna çekinjeñ ýüz tutdy, – ýalñyşmaýan bolsam, ýañy gepiñiziñ
bir ýerinde siz wagtyñ gürrüñini etdiñiz. Sagadym döwleli bäri aýygünüñ hasabyny ýitirip, halys añkam aşdy, heý, siz bu günki senäni
aýdyp bilmezmisiñiz?
Köşk şahyrynyñ gyýkmak gözlerinde ynamsyzlyk göründi.
– At oýnatmañ, kärdeş, jenap ýoldaş Prezidentiñ zamanynda ýaşaýandygymyzy sizem mençe bilýänsiñiz-le?!
– Elbetde... – jurnalist ätiýaçly hüñürdedi. – Ýöne öz ýurduma material iberenimde, men anyk sene görkezmeli bolỳan-da...
– Diýmek, onda jenap ýoldaş Prezidentiñ zamany siz üçin anyk
wagt däl-dä? – bu gyryljyk sese allaniçigsi bolan jurnalist öz arkasynda Diller institutynyñ müdiri Gaşlagy gördi. – Onsoñam bilip
goýuñ, wagt – bizde döwlet syry! Siziñ bu çylkasyz bilesigelijiligiñiz
jan saglygyñyza peýda bermez!
– Elbetde, elbetde... men bir gelmişek, siziñ ýurduñyzyñ öz mukaddes kanunlary bar, halkyñyz olary hormatlaýar, şonuñ üçinem tä öz
ýurduma dolanyp barýançam wagtyñ maña geregi ýok...
– Ine, munyñ başga gep! – gaýtadan tribuna çykan jenap ýoldaş
Prezident gulagynyñ eşitgirligi bilen daşary ýurtly jurnalisti añk etdi.
– Men jurnalistleri we ýazyjylary söýýärin, olaram meni söýýär. Olar
edil ýaşuly adamlar ýaly paýhasly, ýaş gelin kimin çekinjeñ. Aksak254
gallar hakynda meniñ has çuññur pikirim şeýle: ”Bazar görki bakgal,
ýigit görki – sakgal!” Onda bu käsäni sakgal üçin götereliñ – ýaşasyn
sakgallylar! Biziñ daýanjymyz, buýsanjymyz, geçmişimiz, geljegimiz sakgal! Sakgal – ýurduñ garaşsyzlygyny berkitmegiñ iñ zerur
şertidir. Şonuñ üçinem men, ýagny jenap ýoldaş Prezident, karar
edýärin: Birinjiden, şu günden beýläk meniñ garaşsyz ýurdumda
kyrk ýaşa ýeten garamaýaklar hökman sakgal goýbermeli. Ikinjiden,
olaryñ sakgaly kyrk bäşde çalaryp, ellide-de agarmaly! Üçünjiden,
garamaýagyñ garasakgalyny üçünji derejeli, çalsakgalyny ikinji derejeli, aksakgalyny birinji derejeli grajdanlar diýip yglan edýärin! Dördünjiden, şu günden beýläk adamlara sakgalyna görä aýlyk tölejek!
Ynha, aýratyn permanym! Bäşinjiden, men Derwüş babany siziñ
obañyzyñ Aksakgallar geñeşiniñ başlygy edip saýlaýaryn we oña ”Il
ýaşulusy” diýen ordenimi gowşurýan.
Jenap ýoldaş Prezident gürrüldili elçarpyşmalaryñ astynda añrysyna
öwrülip, öz göçme ussahanasynda ”Il ýaşulusy” diýen ordeni ýasamaga girişdi. Onuñ çekijiniñ gütdüldisi gulaklarda ýañlandy. Nyşan
taýyn bolanda, ol ony Derwüş babanyñ döşüne dakdy.
– Derwüş baba, ine, siz indi Çarwanyñ Aksakgallar geñeşiniñ başlygy! – Derwüş baba ýerinden turup, gyzyl gözlerini märekä içgin
dikdi. Şonda onuñ prezidiumda oturandygyny görüp galdylar. – Kakabaý Garasöýmez obañyzyñ müdiri bolar. Haýdaberiñ! Musa Çöli
özüme gerek. Köşkde.
Agzy ullakan Köşk şahyry bu wagt eýýäm Döwrüñ depesindäki
adama öwrülip, kitabynyñ ”Jenap ýoldaş Prezidentiñ ordeni” diýen
jemleýji bölümini ýazyp otyrdy. Kitabyñ daş ýüzünde awtoryñ ady
lowurdady: Hyrly Durgur. Onsoñ iş uzaga çekmedi, çekmäge hakyda ýokdy, sebäbi eýýäm Gün öýleden agyp, kitap diýeniñ bolsa, agşamlyk hökman neşir ediläýmelidi. Onsoñ Döwrüñ depesindäki
adamynyñ dürli syýasy ýagdaýlarda diñe sözbaşysyny üýtgedip,
üstünlikli ulanyp bolýan kitaplaryndan peýdalanmasañ, işiñ Diller
institutyna düşjegi görnüp durdy. Jenap ýoldaş Prezidentiñ yzynda
gezip ýören göçme neşirýat bu kitaby ýassy namazyna deñeç çap
edip, Halk Maslahatyna gatnaşyjylaryñ düwünçegine saldy. Bu wagt
eýýäm aksakgallaryñ ýatar wagty bolupdy, emma olaryñ agşamlyk
iýen ýagly naharlary siñişmän, garaşylmadyk syýasy ýagdaýy emele
geldi. Kynçylygy göz öñünde tutup, aksakgallaryñ içini silkmek üçin
255
hökümet guma iki maşyn gyz-gelin getirip dökdi. Gyz-gelinler gana
boýalan şapagyñ öñünde aksakgallara gyýa-gyýa garap, monjuk
atyşyp, läle kakdylar:
Çañ gelýär-ä, çañ gelýär!
Tozan bilen çañ gelýär.
Jenap ýoldaş Prezident
Hemmelerden öñ gelýär!
Yhhymmyl! Yhhymmyl!
Yhha-yhha, yhhymmyl!
Halk Maslahatynyñ bol saçagyndan garynlaryny göjäp, hinlerine
sümmäge taýynlyk görýän mör-möjekler bu gije çölde özlerine ýatuw ýokdugyny duýup, çoz-da-çop boldular; gije ýarymdan agansoñ
gyz-gelinleriñ lälesi gitdigiçe inçelip, aksakgallaryñ sesi, tersine, has
çasly çykdy: ”Haa-aaw! Haa-aaw diýdim!”
Delegatlaryñ nasly agzyndan hem dagap ýatan boş çüýşelerden
töwerege ýaýran güýçli ysdan bez bolan mör-möjekler hinlerini taşlap, çölüñ jümmüşine çekildiler. Bu töwerekde kiçi-girim jandar
başyny çarap bilmez, basym çölüñ hojaýyny, endigine görä, oguz
süýdüni emmäge çykar! Onsoñ gije ýarymdan agansoñ, aksakgallaryñ ”şagal mesliginiñ” ses ýetiminde, gumuñ içinde çölüñ hojaýyny
Zemzeniñ sudury peýda boldy. Onuñ birdenkä nireden çykyp, soñra
ýene nirä ýitirim bolandygyny aýsyz gije görer gözden gizledi. Ýöne
edil häzir ol apañ-apañ basyp, çölüñ içi bilen ýöräp barýardy; özi
ýaly mör-möjekleriñ içine aralaşansoñ, ol özüni barha ynamly
duýdy: adamlar ýüregedüşgünç! Ol ýaýkyldap barşyna, gijäniñ salkynlygyna añyny aldyryp, hininiñ agzynda irkilmäge meýil eden
atýalmany ýüzüniñ ugruna kakyp, lak-luk atdy gitdi; şonda onuñ
ýüregi dokundy, öñküsinden has agyrrak, ýöne has ynamly ýöredi,
Maslahatda ertirden agşama deñeç iýmeli bolan tagamlaryny ullakan
mejburlyk hökmünde ýatlady, şonda onuñ alkymy nägile çişdi; gijäniñ içi durşy bilen, täsin seslerden doludy, her kim öz aladasy bilen,
kimsi aw awlaýar, kimsi awçydan gaçyp, özüne aw añtaýar, kimiñ
kimdigi näbelli, emma bu galmagalyñ içinde Zemzen-hojaýyn örän
beletlik, özüne göwnüýetijilik bilen apañ-apañ basyp barýar. Jandarlaryñ hemmesi onuñ öñünden sowulmak bilen, biriniñem durasy
gelenok, Zemzen-hojaýynyñ welin muña girre gahary gelýär, ol mörmöjekleriñ öz barýan ýolunda hatar tutmaklaryny isleýär, emma bet256
bagt jandarlar tertibi näbilsin? Onsoñ Zemzen-hojaýyn çişip ýetjek
derejesine ýetip, gizlin mawy öwüsýän melemtik gözlerine gan indi;
mör-möjekleridir akmak haýwanlary ikini islemez ýaly etmegi ýüregine düwdi: goý, indikilerine sapak bolsun! Ol amatyna garap, ýene
birnäçe depe aşdy, indi ýylgynly oý bireýýäm yzda galdy, kaşañ
jaýyñ garasy-çyrasy ýitdi, ol erkin! özünden erkin! Hiç kes onuñ
näme edip, näme goýýanyny bilmez, görmez, añmaz, duýmaz, syzmaz! Ol ürgün çägä bagryny oýkap-oýkap süýşdi, agyr haşyrdap,
töweregine tarp urdy; akmak jandarlaryñ haýsyny bijebaşy edip tutmaly? Haýsyna göz görkezmeli? Ol bir sazagyñ düýbüne baryp,
onuñ aşagynda ýatyp dynjyny almakçy boldy; gijelige diñşirgenmek
hezil, edil huwwalanýan ýaly; ol irkiljiredi, öñinçä ýuwudan atýalmany onuñ içinde ýakymly eräp, ony meýmiretdi... Birsalymdan
oýansa, beýlesinde bir keýik owlagy ýatyr, Zemzen-hojaýyn muña
monça boldy, agzyny giñden açdy, owlajygyñ ýylylygyndan çen
tutup, onuñ bilen öz arasyndaky giñişlige ser salansoñ, onuñ ýene-de
girre gahary geldi: ine, onuñ sapak bermeli jandary! Bu betnyşanlaryñ sürüsiniñ daş toýnaklarynyñ astynda galyp, onuñ kowmundan
heläk bolany gytmy?! Elbetde, indi bularda süri-de ýok, sürrek-de,
ymgyr çölüñ içinde iki-ýeke ygyndy, çölden birçak atlary öçdi, ýöne
Zemzen-hojaýynyñ gahary ýatyşanok, ol keýik owlajygyna göz görkezmese, oñup biljek däl. Ol ýüregine düwenini amala aşyrmak üçin
usullyk bilen sazagyñ düýbünden çykdy, ol muny şeýle bir mylaýymlyk bilen etdi welin, hatda sak jereniñ balasy näzik teninden
awuly dişler parsyldap geçýänçä gara tegmilli sary monjuk garaklaryny-da açmaga ýetişmedi, soñam çekräp turdy-da, ümdüzine tutdurjak boldy, emma hoñ ýaly ýere ýetmänkä aýaklarynyñ ysgyny gaçyp,
serrelip gitdi, ýerinden turup, ýene ylgajak boldy, onuñ endamyna
ornap barýan duýdansyz agyry bilen-de, agyrlyk bilen-de oñşasy
gelmedi, emma birnäçe ädimden edil duşaklanan ýaly sakga durdy,
ümezläp barýan gözlerini mölerdip, gijeligi böwüsmäge çytraşdy,
ýere temegini degrip ysyrgandy, enesiniñ ysyny yzlady: bu töwerekden ejesiniñ ysy gelenok, onsoñ ol niräk gaçsyn? Owlajyk ýene-de
serrelip gaýtdy, ýañy ýere ram eden toýnajyklar az wagt howada
däbşenekledi, ol naýynjar lägirip, töweregi lerzana getirdi, soñam
köşeşdi, boýnunyñ ýüzündäki ýyrtylan gan damaryndan akýan gana
seredip uklady... Zemzen-hojaýynyñ öñküden-de beter gahary geldi,
257
ol keýik owlajygynyñ amanadyny beýle tiz tabşyrmagyndan nägile
boldy, gapdalynda bukulyp, onuñ süýtli enesine garaşdy; olam uzak
garaşdyrman, gorka basyp, bu ýere geldi; Zemzen-hojaýyn ýylysy
gitmedik owlagynyñ jesedini ysgap duran keýigiñ arkasyndan tiz
baryp, guýrugy bilen onuñ artky aýaklaryny çalasyn duşady; keýik
sypjak bolup urundy, emma sypma nire! Zemzen-hojaýyn ene keýigi
lägirdip, emmäge başlady, ol tä keýigiñ emjekleri boşaýança ony
sypdyrmady, şol sokjady durdy, soñabaka süýt azalansoñ, köhi gelip,
keýigiñ emjeklerini göz-gülban çeýnedi. Keýigiñ dady dik asmana
göterildi, emma ymgyr çölde kim oña kömege ýetişin? Keýik
süýdünden keýpini köklän Zemzen-hojaýyn ahyrsoñy ony ölüm halynda boşadyp goýberdi, keýik janawar janhowluna sary ýaýdan
atylan peýkam kimin bu ýerden gijeligiñ içine siñip gitdi; özünden
göwni hoş Zemzen-hojaýyn bolsa, bu taýdan yzyna döndi; ýüzüniñ
ugruna gabat gelen haýwanlardan ýene birnäçesini awundyryp, çemine gelmedigini gorkuzyp, çölüñ içinde bagtyýar gezim etdi; keýik
owlajygynyñ deregine ol hininiñ agzyna çykyp timisgenip oturan
ýene-de bir alakanyñ bilinden alyp, ony tä jany çykýança silkeläp
çygyrtdy; soñ ol başyny galdyryp, guýrugyny haýbat bilen tarpyldatdy, yzly-yzyna iki alañ aşdy, öñündäki çöketlige düşübem, duýdansyzlykdan ýaña doñup galdy. Aljyrap, agyr haşyldady, gapdala gidermen boldy, emma derrew özüne gelip, yzyna dolandy, garşysynda
owsun atyp duran Kepjebaşyñ gözlerine tiñkesini dikdi, iki mahluk
çölüñ ýyldyzly asmanynyñ astynda büküdişip, biri birini siññin synladylar, iki jübüt sowuk gözleriñ düýbüne aýsyz gijäniñ ýyldyzlary
ownujak almaz bolup sepildi. Ilki bilen Kepjebaş özüne geldi, ol
özüniñ gäp basandygyny, ýowuz duşmana duşmasyz ýerde biwagt
duşandygyny bildi. Indi nätmeli? Zemzen-hojaýyn öz syrynyñ köpe
paş bolmagyny islemez, Kepjebaşa diri galmak başardarmyka? Ol öz
düşen ýagdaýyny görüp, uzur ökündi: bu gije çöle nähak çykan ekeni, aw ýerine özi añsat aw boldý, näletsiñmiş!
Kepjebaş ölümini boýnuna alyp, garşysyndaka haýbat atyp
gördi, Zemzen-hojaýyn çalaja yza çekilip, amatyna garady;
Kepjebaş halys ugruny ýitirip, ýene öñe dyzady, Zemzenhojaýyn daşrakdan öwrüm berdi; birdenkä-de Kepjebaş özüne
gargynyp, hüşgärligini bir dem gowşadanda garşydaşy onuñ
258
üstüne topulyp, kellesinden agyz saldy. Kepjebaş onuñ aznawur ýaly awuly dişlerinden iñ soñky deminde zordan gutuldy.
Onsoñ hakyky garpyşyk başlandy, olar birmeýdan dönüpdönüp söweş etdiler, kow-ha-kow, gaç-ha-gaç! Aldymberdimli tutluşykda telim depe aşyldy. Bu iki aldajynyñ urşundan heder eden mör-möjekleriñ ählijesi ýumlugyp, deşikli deşigine, hinli hinine sümüldi, uçup bilýäni uçup gaçdy, süýşenekläp bilýäni – süýşenekläp. Kepjebaşa Zemzen-hojaýyny üç
öwre çakmak başartdy, emma ol her gezekde az salymlyk özüni ýitirip, entiräp durýardy-da, ýykylar-ýykylarda gaýtadan
özüne gelýärdi, ýene garpyşýardy. Kepjebaş ölüm gorkusy
bilen garşydaşyny halys ahmalladyberende, ikinji gezek hüşgärligini ỳitirip, atymyny aldyrdy; duýdansyz çemini tapan,
Zemzen-hojaýyn garşydaşynyñ guýrugyndan agyz saldy-da
ony ýuwutmaga girişdi... Kepjebaş janhowluna bar güýji bilen
dyzady, guýrugyny üzüp, hoñ ýaly ýere atylyp gitdi. Näçe kowalasa-da, Zemzen-hojaýyn soñra onuñ yzyndan ýetip bilmedi.
Kepjebaş edil dälirän ýaly gaçdy we iñ soñky deminde gijelige
garylyp, ýitirim boldy. Zemzen-hojaýyn garşydaşynyñ ejizlänini görüp, aýylganç çişdi, soñra-da şeýle bir haỳbatly haşyrdady welin, çölüñ janly-jandarlary hinleriniñ, sürenleriniñ içinde busuşyp, uzyn gije sandyraşyp ýatdylar.
259
13. Ýylan jadysy
Janly-jandaryñ hinine, sürenine sümülýän, janyny gutarmak üçin
özüni kölegä atýan wagty bolan süýr günortanyñ ýakyp-ýandyryp
barýan tüp yssysyny gabatlap, gözden-dilden çetde, ymgyr çölüñ
içinde ojaryñ şahasyna oraşyp, aşak sallanyp ýatan ýoñsuz ýylan
owadan gözlerini bakgardyp kimedir birine galagop hem bilesigelijilik bilen garaşýardy; onuñ niýeti bu ýurtda özüne kuwwatly arka
edinmekdi, bu oña öz maksadyna ýetmek üçin diýseñ zerurdy; munuñ üçin ol atam döwründen galan rowaýaty taryhy gaýtadan janlandyrmakçy bolýardy; elbetde, ol taryhyñ düyş däldigine onuñ özüniñde şübhesi ýetikdi, ýöne eger okumyş ýylanyñ ýadynda galan bolsa,
onda her niçik-de, ol düýş däldir, çyndyr; belki bu taryhy wakanyñ
mysalynda oña öz gürrüñdeşini ynandyrmak, ony öz tarapyna çekmek başardar? Belki, şonda arka gözleýän täze hemşerisi onuñ sözüne ynanar we jenap ýoldaş Prezidenti goldamakdan el çeker? Ýylan
ol kişä bu ýere gelen dessine tas müñ ýyl mundan ozal bu öwrelerde
ýaýbañlanan aldym-berdimli wakalary gaýtadan janlandyryp görkezer, oña öz gynanjyny bildirer, eger yhlasyñ bu topragyñ çyn janköýerleriniñ yhlasy bilen goşulsa, onda indiden beýläk biziñ üstümize ganly betbagtçylyk abanmaz diýer, onuñ bilen bagt, betbagtçylyk,
mertlik, namartlyk, dosta wepalylyk dogrusynda açyk hem ýürekdeş
gürleşer. Elbetde, bu örän ullakan töwekgelçilik. Ýöne töwekgelçilik
etmese, Kepjebaşyñ indi dagy alajy galdymy? Gepiñ keltesi, ol häzir
bu ýere özi bilen gizlin duşuşyga geljek Larine: ”Ýaşaýşyñ hatyrasyna bu topragy söý!” diýmeli. Elbetde, onuñ näme jogap berjegini
bilmek kyn, şonuñ üçinem gürrüñdeşine ilki bilen gadym zamanda
adamzadyñ başyndan inen iñ aýylganç ganly jeñiñ, tükeniksiz gyrgynçylygyñ hut şu toprakdan bat alyp, soñra öz ýoluny Ewropa garşy
dowam edendigini subut etmeli. Onsoñ ynanmak ýa-da ynanmazlyk,
onuñ öz işi. Kepjebaş bu gün ymgyr çöle hut şu maksat bilen çykdy;
Zemzen-hojaýyndan asgyn gelensoñ, ynamly ýaran edinmese, öz
niýetiniñ başa barjagyna onuñ ikirjiñlenmesi artdy; öz geljekki ýaranyna güýjüni görkezmek onuñ üçin ýöne bir gepbaşydy, onsoñ ol
260
adaty ýylan jadysyny ulanyp, öz sowuk gözlerinde bu gyzgyn çöllük
ýurduñ uzak taryhyny gaýtadan köretdi.
...Gypjak sähralarynyñ içinde ýap-ýañyja derbi-dagyn edilen mongol goşunlary ygym-sagym yzlaryna gaçýar. Horezm şazadasy Jelaleddin Meñgüberdi kowalap söbügine münüp barşyna, ençeme menzilläp olary gyryp-gyrjaýar. Soñra ol ruhybelent ýeñiji goşunlarynyñ
öñüne düşüp, paýtagt Ürgenje gelýär. Köşge girip, atasynyñ öñünde
baş egýär.
– Merhemetlig soltan atam! Minge ganymlarnyñ sülsadyny başdynaýak kyrmakga idin ber! Min ularnyñ ölgenini kördüm: sarygjak
ýaýnyñ oky içleridin perran kiçür, naýza sançgaç atdyn agyp tururlar, kylyç urgaç başlary eginleridin kaçyp turur! Ular hem adam imiş,
atam!
Muhammed şa Tekeş elini gorkuly daldalady.
– Bes! Küfr sözleme! (Gyssanmaçlyk ony enesiniñ şiwesine golaýlatdy.) Bu sözüñ hak tagalanyñ gazabynyñ bizniñ başymyzga
kiltürür!
Şazada Jelaleddin öz enesi Aýjäjegiñ dilini saýlady.
– Atam! Merhemetlig soltan! Külli älemniñ hökümdary! Sin minig
ularnyñ karşusyga ýiberdiñ: bardym, kördüm, ýeñdim, hoş habar
ýolladym...
Muhammed şa Tekeş agyr göwher gaşly altyn ýüzükli barmaklarynyñ başky ikisi bilen haýbatly yşarat edip, tagtyñ mirasdüşerini Köşgüñ aýnasynyñ öñüne çagyrdy.
– Mana sinniñ ýangylyk ýollagan çaparyñ! Azandyn berü aýaklary
ýirge ýetmegen, asmanda hallanlakgan...
Şazada Jelaleddin öz gulaklaryna, gözlerine ynanmady. Onuñ wepaly ýigitleriniñ biri – Gyzyl Goçak Köşgüñ gabadynda gurlan dar
agajyndan asylgy durdy. Bu etmişi özüniñ-de ýigrimi ýyldan soñ
Mesopatamiýanyñ düzünde üýtgewsiz gaýtalajagyny, ”Iñ uly duşmanymyñ öz ajalyna öldi habaryny getirip, meni namysa goýduñ!”
diýip, ýaraly arslan kimin arlap, ýazyksyz çaparyñ ganyna galjakdygyny bilmezden, şazadanyñ bogazy doldy.
– Soltan atam... Kyzyl Koçak sinniñ duşmanlaryñ karşusyda ar ile
suñuşdy, undyn ýeñiş söýünjini ýiberişmiz mana munuñ uçun.
– Ýakymlyg bolsar hem ýalgan söz kerek imes!
Şazada Jelaleddin başyny egdi.
261
– Minniñ bu ajunda islegim, atam, ol-da Çingiz hanyñ sülsadynyñ
körejimiz birle deñle Horezmin torpagyga koýmazdyn, kül etsem.
Duşman bizniñ illerge kirmese, uja kalalarymyzny ýykmasa, karaja
başlarmyzny kesmese...
– Çingiz kaganny ýengen ýok! Ejuj-mejujny tañgan ýok! ”Sabyr
Rahmandan, äwmek şeýtandan”! Bizge imdi lakin sabr-kanaat birle
öz muhkem kalalarymyznyñ içide busan faideli! Samarkandga 140
miñ, Buharaga 100 miñ, Maru-Şahu-Jahanga 100 miñ suñuşçi berürmen! Koşunymnyñ kalgany berüde, Ürgençde bussun! Bu bir
keçiji duşman, Horezminde turmaz, usy Kaf tagyda, bularnyñ soñy
dahy Kaf tagyda ýetür. Ýawuz niýet birle Horezminde kalursalar,
nejadyn özüm körsem, min öz welaýatymdyn koşun ýygmakga kitür
ersem tiýürmin.
Şazada Jelaleddin ýuwudyndy.
– Ular-da adam imiş...
– Kes!
Şazadanyñ güni gypjak enesi Türkan hatyn onuñ ýumruk ýaly enebaşga inisiniñ elinden tutup, orta çykýar.
– Soltan balam, mana bu balany mirastüşer kylursen! Atasynyñ
sözüni ýykgan baladan kara taş ýakşyrak!
Şazada Jelaleddin mirasdüşerlikden bir demde namut galdy. Başyny
aşak salyp, Köşkden çykdy. Soñra ymgyr çölüñ içi bilen ygyp barýan
Muhammed şa Tekeşiñ sulbasy ýeliñ ugruna gitdi. Samarkant, Buhara, Köneürgenç, Maru-Şahy-Jahan syndy. Adam kellesinden daglar
döräp, al gan sil bolup akdy. Gan-kokuñ içinde soltan Jelaleddiniñ ar
gylyjy lowurdap, yssy çölüñ içinde onuñ astynda ýüwrük türkmen
aty dabyrady. Ýöne tozgun ýurtda oña daýanara daýanç ýok, Horezmiñ iñ soñky soltanynyñ ýüzi Günbatara, daglara garşy...
Şahadan sallanyp ýere düşen ýylan adam sypatyna girip, Baş oba
müdirine öwrüldi.
– Bu Azyýa – diýip, ol Larine ümledi. – Ol gelýän – Çingiz han.
Onuñ yzyndan sozulyp gelýäni gara bulutdyr öýdäýme, ol onuñ leşgeri. – Larin agzyny açdy. – Görjegiñ duşuñdan geçmesin!
– Men bulary komsomol-partiýa okuwynda geçipdim. – Larin ýalta
pallajak boldy.
– Her kesiñ okan okuwy özüne nesip etsin, görübilmezçiligimiz
ýok. Islemeseñiz, ygtyýar özüñizde, men bu çakyr süñkleri öñki ga262
byrlaryna süsdürip-de bilerin. Ýöne men size taryhyñ hut özüni görkezmekçi boldum. Ýogsam, partiýa hojaýynlaryna taryh okadylýarmyş-ş diýip eşidipdik, soñra olaryñ ondan goranyp bilmegi üçin...
– Bu tomaşañy dowam et, Azyýa meni gyzyklandyrýar.
– Azyýa kommunistlerem, anarhistlerem gyzyklandyrýar.
– Beçebazlary-da... – Larin perwaýsyz hüñürdedi.
– Bu ýeri – Orta Azyýa. Ikimiz häzir dünýäniñ iñ gyzgyn çölünde
otyrys. Hany tabany çägä çaýkap al, Teýmirleñ gelýänçä, men saña
Gün heýgenegini bişirip bereýin!
Kepjebaş tabany howurdan agaran ürgün çägäniñ üstünde goýup,
içine bir bölek ak ýag oklady, soñra bäş-dört sany towuk ýumurtgasyny tabanyñ gyrasyna urup döwdi-de, taba çakdy. Iki sanysyny
onuñ özi şol durşuna agzyna atyp, ýuwudyp goýberdi. Tabadaky
ýumurtgalar dessine jazyrdap, töwerege ýag syçradyp, gowruldylar.
Teýmirleñ gelip, bu ýurtda ýumurtga togarlabermeli edende, Larin
ýumurtgadan geregini edinip, tomaşanyñ yzyny dokmäde synlamaga
taýyn bolup otyrdy. Bir aýlawda ol:
– Bujagazlar dagyn nämejik?! Jenap ýoldaş Prezident, islese, mundan beterini-de görkezip biler. Ýöne biziñ taryhymyzda seniñ bu
şama-şaýyrdyña orun ýok: Muhammed şa Tekeşi biz jenap ýoldaş
Prezidentiñ ata-babasy diýip yglan etdik, onsoñ mongollar nämüçin
ony ýeñmelimiş? Bu gepiñden syýasy duşmançylygyñ ysy gelýär.
– Ygtyýar özüñizde... – Ýylan ätiýaçlygy elden bermezlige çalyşdy.
– Ýöne taryha el gatylsa, onuñ çyn bilen arasy bozulmazmy? Horezm şalygy Çingiz hanyñ öñünde dyza çöküp, Russiýany mongoltatarlara ýal etdi. Muhammed şa Tekeş…
Larin yssydan basylyp, ýalta pallady.
– Taryh näme? Ol şahsyýetiñ aýak tozy. Nämäni ýazga geçirseñ,
seniñ ”taryh” diýýäniñ şoldur. Bizde galam-kagyz ýeterlik.
Ýylan çeýe delil agtardy.
– Ýöne ykrar edilse diý...
Larin gürrüñdeşiniñ türkanalygyna geñ galdy.
– Dünýäniñ öz hasaby bar, biziñ – öz. Halkyñ taryhy – jenap ýoldaş
Prezidentiñ terjimahalydyr! Bu ýerde nähili çylşyrymlylyk bolup
biler? Siziñ aýlawyñyz maña ýat görünýär. Muny size resmi suratda
duýduryp goýmak meniñ borjum. Elbetde, entekler siziñ geljegiñiz
263
öñüñizde, soñky öwrüme çenli wagt bar, ýöne hüşgärligi elden berseñiz, bilmedim.
Ýylan öz ýolunyñ uçudyñ gyrasyndan daşlaşmaýandygyny bilýär,
bu gezek ol muny has-da içgin duýdy; emma rehimsiz hökmürowanlara bu yssy toprakda özüniñ-de hilesiniñ barlygyny duýdurasy
gelýäni çyn, eger bu çaka deñeç duýdurmadyk bolsa, onda ol minneti
öz tebigy sowukganlylygyndan çekmeli. Bu zatlara asla pitiwa etmek
islemeýän Larin üstüni-başyny kakyşdyryp, ürgün çägeden ýeñillik
bilen turdy. Onuñ üstünden göçme üzüm dalbaryny aýryp, ýygnadylar.
– Men gitdim. Paýtagta. Dogrusyny aýtsam, ýüregim bir zatlar
syzýana meñzeýär, ýöne nämedigini özümem bilemok. Kim bilýär,
belki kimdir biri geçmişi görkezip, bizi şu günümizden aýyrmak
isleýändir?
– Muny nämüçin edendigimi özümem bilemok: belki, bu özüñden
ökdä sarpa goýmakdyr. Belki-de, hökümdarlaryñ mydama meñzeşdigini duýdurmak uçindir?
– Sen ejizläp ýörsüñ öýdýän... Hoş onda!
Aýlampaçly uçak arlap, göge göterildi.
Bir özi galan badyna Musa Çöli gaýtadan ýylana öwrüldi-de, çölüñ
içi bilen oba garşy gönüledi. Duşuşyk onda añrybaş ýakymsyz täsir
galdyrdy, alasarmyk ýagdaýa saldy. Onuñ ykbaly gutarnykly pitige
münen bolmasa-da ýagşydyr?.. Obada onuñ möhleti gutaryp barýar,
paýtagtda-da nämäniñ garaşýandygy entek anyk däl. Süýnüp gidip
oturyşyna ol çöpüñ düýbünde çugrulyşyp ýatan tikenleri jüýjäniñ
tüýi ýaly mymyjak, entek gözleri-de açylyp ýetişmedik kirpi çagalarynyñ üstünden bardy; olaryñ etiniñ-de jüýjäniñkiden enaýy däldigine belet ýylan, kirpi çagalaryny ýüzüniñ ugruna lak-luk atyp geçdi.
Ýylyñ bu günleri mundan datly lukmany nireden aljak?
Ertesi irden edara gelip, ýañy işe girişip-girişmänkä sekretar gyz
Musa Çölüniñ gapysyndan boýnuny uzatdy.
– Ýoldaş müdir, Enaryñ ene-atasy geldi, näme diýmeli?
– Ýoldaş Baş oba müdiri!
– Ýoldaş Baş oba müdiri, Enaryñ ene-atasy geldi, näme diýmeli?
– Girsinler!
Tirkeşip kabinete giren är-aýala ýalta göz aýlan müdir: ”oturyñ!”
diýen yşaraty etdi-de, ümsüm öz işine gümra boluberdi. Adamlaryñ
264
arasyna özüni ataly olaryñ endiklerinden özüne geregini edinendigini
bu wagt onuñ her bir hereketinden görse bolýardy. Munuñ üçin zerur
gedemlik, sowukganlylyk zannynda öñden ýeterlik bolansoñ, oña
özüni beýle alyp barmak kyn düşüp duranokdy. Bir burçda ýazykly
ýaly busuşyp oturan är-aýala ”barmysyñyzam?” diýmän, hamana, öz
işine aşa gümra bolşundanam onuñ guýmagursak ýolbaşçylaryñ hilindendigi güman etdirýärdi. Musa gelenleri garaşdyrmak keýpinden
çykyp, ahyrsoñy başyny galdyrdy, selçeñ gaşlaryny çytyp, sorag
berdi.
– Keýpinemi ýa-da işlije geldiñizmi?
Är-aýal biri biriniñ ýüzüne seredişdiler. Uzynak garaýagyz traktorçy Hoşgeldi özüne görä has akýagyz aýalynyñ ýüzüne garap:
”özüñ aýt” diýen manyda yşarat etdi. Şondan soñ folklorçy Enara
meñzäp duran orta boýly dolmuş aýal çekinjeñ dillendi.
– ”Gelsin” diýen ekeniñiz, bizem geläýdik. Enaryñ ejesi-kakasy biz.
Men-ä Badamjan, biýem meñ ärim – Hoşşy. Muña men ”Hoşşy”
diýýän, çyn ady Hoşgeldi, il arasynda Hoşjan diýýäler.
– Kim Enaryñ? – Musa är-aýalyñ ýüzüne çynyrgadyp seretdi. –
Enar bolanda, kim bolýar?
Aýalyñ sesi bu gezek ýuwaşdan gaýgyly çykdy.
– Folklorçy Enaryñ, araky ýylan çakan...
Müdir çaltlyk bilen ýerinden turdy. Gaýtadan aýalyñ ýüzüne seredende ol: ”agynjak özi!” diýenini duýman galdy. Soñam oturanlaryñ
üstüne abanyp, olary ýerinden turuzdy-da, stoluñ başyndaky oturgyçlara geçirdi, geplände haşyrdysynyñ artyşyndan tolgunmasy
duýuldy.
– Geçiñ, geçiñ... Enaryñ ejesi diýseñizläñ! Uçursyz zehinli gyz.
Işde-de, folklorda-da oña taý geljek ýok. Üýtgeş-şik maş-şgala!
Onuñ belent derejelere ýetjekdigine men birjik-de şübhelenemok, ol
biziñ döwlet baýlygymyzdyr. Men sizden ol baýlygy gözüñiziñ göreji ýaly goramagy berk talap edýärin! – Musa bu wagt gürrüñdeşlerine
gezek bermeli däldigini ýadynda saklap, yzyny dowam etdi. ”Döwlet” sözüni eşidenlerinde, är-aýalyñ gobsunyşlaryny görensoñ, müdir
has-da beter şelaýynsyrady. – Biziñ obamyz folklor boýunça eýýäm
döwletimiz boýunça hormatly orunlaryñ birini eýeleýär, elbetde, buda Enaryñ hyzmaty. Ş-şonuñ üçinem biz sizden razy. ”Nädip beýle
çagany dogrup bildiñiz?” diýesimiz gelýär. Onsuz biziñ obamyz
265
görküni gaçyrýar. Ýöne onuñ gelejegi paýtagtda, şonuñ üçinem bize
muña guwanmakdan gaýry çäre galmaýar. Biz hökman guwanmaly!
Ýogsa-da, Enaryñ ýagdaýy niçik, derman-däri gerekmi? Dogtorlar
aladasyny edýärmi? Etmeseler, göni maña habar ediñ! Men olara
berk tabşyrypdym. Aý, ol eýýäm sagalandyram-la, mör-möjegiñ
zäheridir-dä, ondan adama zelel gelmez, aýratynam ýaş-ş maş-şgala,
ha-ha-ha! Ýöne tersine bolaýsa welin, işiñ gaýtdygydyr! Bir gezek
ýakyn garyndaş-şlarymyñ biriniñ agzyna bir adam ir bilen, tutup,
tüýküripdir welin, ol Gün guş-şluk bolmanka, jan berdi. Gynanypgynanyp, towlanyp-towlanyp öldi. Maña ynanaýyñ, iñ güýçli awy
adamyñ agzyndadyr!
– Wah-wah! – uzynak garaýagyz traktorçynyñ orta boýly akýagyz
aýaly müdiriñ aýdanyna ýüregi bilen gynandy. – Adama adamdan
gutulma ýok-da, biajal ölüm! Ýöne siziñ ol garyndaşyñyzyñ agzyna
tüýkürilýänçä öwelip durmasy geñ, şoña düşünmedim...
Gepinde näsazlyk goýberendigini añan ýylan derrew yzyny düzetmek, ýuwmarlamak bilen boldy.
– ”Garyndaş-şym” diýdimmi? Ýok, ol bir ýöne hälki gaty daş-şşky-la, çorbanyñ çorbasy, biziñ öz gumlymyz diýäýmeseñ, iki dogup
bir galanym däl, özüñiz bilýäñiz, çöl-dä, birek-birege zol onda munda-munda duş-şýañ...
Badamjan daýza ”hümm” edip oñdy, onuñ gürrüñiñ ujuny ýitirendigi bildirdi. Musa ätiýaçdan demini dürsemek hem indiki diýjegini
çemelemek üçin aýnanyñ öñüne bardy, daşaryk seretdi. Edil kontoryñ töweregindäki iki-ýeke taly hasap etmeseñ, giden meýdan şorlap
ýatan boşlukdy. Salmanyñ iki gyrasyna mekgejöwen ekdireni jüpüne
düşüpdir, ýogsam töwerek-daş küpürsäp ýatan şor, çöl – çölmi ýa-da
oba çöl, bilip bilseñ bil-dä! Ol möwjäp gelen gaharyny sop-sowuk
gözleriniñ iñ düýbünde gizläp, folklorçy gyzyñ ene-atasynyñ gowşak
damaryny sermeledi.
– Bilmedim haýsyñyzdadygyny, ýöne siziñ biriñizde-hä çuñ zehin
bar bolmaly. Ene-atasy körzehin çaga beýle zehinli bolup bilmez.
Welaýat Ýaş-şulysynyñ-da pikiri hut ş-şeýle...
Badamjan daýza oturyp bilmedi, ol galoşly aýaklaryny jüpläp tutup,
utanjyrady.
– Men boý gyzkam goşgy düzýädim. Ejem pahyr meni okuwa-da
iberjek bolupdy ir döwürde, kakam etmändir... Soñam men tä başym
266
bogulýança ýeke özüm galsam, monjugatdy-zat aýdardym, öýi içinden gulplap. Ýöne soñ galdy o zatlar, bu illerde äre barañsoñ, başga
zada eliñi degýärmi: ”Eýläm tärim, beýläm – ärim!” diýleni...
Musanyñ köhi geldi.
– Tapsañyzlañ ş-şeýle bir zady! Tarp ýerden zehin çykmajagyny
kim bilenok? Haýp, ýöne bizde zehini gömmegi hiç zatça görenoklar. Bu bir ýurt däl-de, zehinleriñ gonamçylygy! Giden bir öwlüýä!
Äh-hem... Dogrusyny aýtsam, zehinleriñ özünde-de günä ýok däl,
gepden-gürrüñden çekinýärler, gep-gürrüñem näme görüpçilikden
çykýar. Alyp göreliñ, siziñ Enaryñyzy, onuñ bagty çüwdi welin,
eýýäm töwereginde gybat ýaýrajak bolup durandyr, rastmy ýa ýok,
aýdaýyñ?
– Wah, heý, bolmazmy, ilçilikde...
– Biz olara berk gaýtawul bereris! – müdir uzyn süýem barmagyny
ýokaryk çommaltdy. – Ýöne esasy zat, siziñ öz gyzyñyzyñ zehinine
guwanmagyñyz gerek. Ene-atanyñ öz gyzyna islendik ýagdaýda
guwanyp bilýändigini görkezseñiz, bu siziñ hem biziñ bu asyrdaky iñ
uly bilelikdäki ýeñşimiz bolar. Merhemetli jenap ýoldaş Prezident-de
bizden hut ş-ş-şuny talap edýär.
Folklorçynyñ ene-atasy göwrelerine gelişmeýän çalasynlyk bilen
tarsa ýerlerinden turup, bir akýagyz hem bir garaýagyz ýüze desbidähel many çaýdylar.
– Wah, menem şony diýýän-dä! – Badamjan daýza ot alyberdi. –
Ýokaryk çekiliberseñ, öz biri-biriñem görüp bilenok, ”Enar eýlemiş,
beýlemiş...” Gulak asma diýýän men kakasyna-da, ile gulak assañ,
Aýda-da menek bar! Ýöne bu gürrüñleri ýatyrmak üçin onuñ başyny
bellemeli…
Meseläni çözdüm edensoñ, müdir stoluñ bir çetindäki düwmäni
basdy. Hamana, öñden gapynyñ tutawajyny elläp duran ýaly, sekretar gyz şol demde kabinete girdi.
– Bar, Enara ýazlan pul baýragy hem halyny alyp gel! Ýöne öñürti
meniñ günortanlygymy getir!
Dem salymdan gyz ýaýbañ tabagyñ üstünde iki sany janlyja böwregi bökdürip gapydan girdi. Ol tabagy stoluñ üstünde goýdy-da gaýra
çekildi, ganly böwregiñ ysyny alan müdiriñ boluberşine gorka tomaşa etdi. Är-aýal-da ýerlerinden turup, stoluñ üstünde goýlan geñ
iýmite agyzlaryny öweltdiler. Müdiriñ terziniñ üýtgäp barşy mese267
mälimdi. Ol kimdir biri bilen gepleşip oturandygyny ýadyndan çykaryp, böwrekler bilen gara başyna gaý bolaýdy. Onuñ boýnuny
süýndürip, ganlyja böwrekleriñ üstünden işdämen bakyşyny, lezzet
bilen owsun atyşyny görmäge göz gerekdi. Badamjan daýza hem
onuñ garaýagyz adamsy böwrekleri hamana özleri ýuwutmaly ýaly
ýogyn-ýogyn gultunyşdylar. Eger edil bu wagt kimdir biri bulary
kesesinden synlasa, onda, böwrekleri haýsy biriniñ ýuwutmalydygyny bilse, zor boldugydy. Tomaşaçylaryñ agzy ýuwdarhanyñkydan
beter açykdy. Soñra ýagdaý kem-kemden üýtgedi, müdir ganly böwrekleri ölemen gabanyp, onuñ daşynda öwrüm etmäge, agzyny öweldişip duranlaryñ üstüne abanyp, olary böwrekli tabakdan haşyrdap,
kowmaga başlady. Är-aýal az salymdan otagyñ bir burçuna gysyldylar. Onsoñ bu täsin tomaşanyñ jemleýji bölümi başlandy. Müdir uzyn
boýnunyñ çür başynda ogar-ogar oýnaýan kellesini tabagyñ üstüne
egip, taýly gezek owsun atdy-da, böwrekleriñ birini demine çekdi.
Burçda gysylyşyp duranlar muny görüp, allaniçigsi bolşup gitdiler.
Müdir bolsa, boýnuny gözgyny süýndürip, ýuwudan böwregini añryk ibermäniñ alajyny etdi. Soñra ol sähel salymdan beýleki böwregi-de ýuwudyp goýberdi. Tabagyñ daşyna gan damjalary syçrady.
Müdiriñ boýny adatdan daşary süýnüp, ýumry iýmitiñ onuñ bokurdagyndan geçip gidişi göründi. Haçanda goşa böwrek yzly-yzyna
bogazadan ötüp, müdiriñ gözleri melul-melul süzlende, tomaşaçylaryñ-da ýüki ýeñledi, olar uludan dem alanlaryny duýman galdylar.
Kabinetiñ hojaýyny stoluñ başyna geçip, birsalym lezzet bilen
meýmiredi. Ol bu wagt burça gysylyşyp duranlary görýärdem, görenokdam. Gözleri garşysyndakylary açyk saýgaranda, ol, hamana, hiç
hili geñ-tañlyk bolup geçmedik ýaly, gürrüñini edil üzenje ýerinden
aldy gidiberdi.
– ...Ş-ş-şeýle, diýmek, biz zehinli, onda-da diýseñ zehinli gyz Enaryñ, geljekki üstünliklerine garaş-şmaga haklydyrys! Men onuñ
üýtgeşik guýmagursakdygyny görenimden bildim, ýalñyşmandygym,
ynha, indi belli boldy. Ýogsa-da, hany onuñ halysy! puly!
– Edil häziriñ özünde!
Sekretar gyz salymyny bermän, elleri sowgatly bu ýere gaýdyp
geldi.
– Indiki ýyl bize bir täze traktor geljek – diýip, müdir folklorçynyñ
kakasynyñ uguny ýekeledi. – Sesiñi çykarma-da iş-şläber, hökümet268
partiýa seniñ gadyryñy biler. Bu adamlara gulak assañ, aç galarsyñ,
sen garnyñ doýanyny bil! Ine-de, gyzyñyzyñ gazanan baýragy. Bu
entek diñe buşlukçysy, galany öñde, garaş-şyñ!
– Bor, garaşyp otyrys-da.
– Ýo-ok, öýüñizde garaş-ş-şyñ!
Är-aýaly kabinetinden çykaryp goýberen Musa özünden hoşal bolup, arkasyny kürsä berip, gözlerini süzermen boldy, emma ýetişmedi, Badamjan daýza uýala-gorka yzyna girdi.
– Gyzymyzyñ durmuşa çykmak ýagdaýy niçik borka? Obaçylykda
bize şolam uly gaýgy boljak. Biziñ giýewi dannawymyz ýok, esasy
zat – abraý hem galyñ.
Baş oba müdiri ”bizar-peteñimi çykardyñyz!” diýen terzde elini
salgady.
– Men bu meseläniñ Býuroda goýulmagyny gazanaryn. Sebäbi bu
döwlet ähmiýetli mesle. Toýuñ sähedi belenende, sizi habarly ederis
– hoş geldiñiz, sapa geldiñiz!
Folklorçynyñ ejesi alkyş ýagdyrydy.
– Tañry ýalkasyn, eliñiz-gözüñiz dert görmesin! Siz uly iliñ hossary, hernä Tañrynyñ özi jenap ýoldaş Prezidentiñ ömrüni uzak edewersin! Sizi-de, bizi-de onuñ saýasynda aman saklasyn!
Gapy ýapylaryna mähetdel Baş oba müdiri otagyñ aýnasyndan
boýnuny çykaryp, lagta-lagta gan gusdy: ”...öz mertebesini bilýän
iliñ ýylany bolaýsañ!”
Soñky hepde Baş oba müdiri welaýat merkezinden bu meselede
degişli görkezmäni aldy. Ol tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin şol gün
günortanlar obadan çykdy. Ýeñil maşynyñ burnunyñ aşagyna towlanyp girýän urpak gumak ýola peýwagtyna seredip oturan Baş oba
müdiri daşyndan diýseñ tukat görünýärdi. Enarly meselede ol inçe
pirim gurdy, iñ bolmanda onuñ öz çaky þeýledi, emma, göwnüne
bolmasa, beýleki başlangyçlaryndaky ýaly bu işde-de inisiatiwa onuñ
elinden gidip barýana meñzeýär. Ol haýsydyr bir wakany döredip
ýetişdigi, salym geçmänkä, onuñ synçysyna öwrülenini duýup
galýar, ýogsam hyýaly – höküm etmekde; bu onuñ öz gowşaklygymy ýa-da garşydaşlarynyñ çeýeligi? Enarly mesele-de eýsem hut
şeýle bolmadymy? Ol kämilleşmeli, ýogsam onuñ ugran ugry – petik.
269
– Seniñ, heý, öýlenmek hyýalyñ dagy-ha ýokdur-da? – diýip, ol
obadan arany açansoñlar, öz sürüjisine perwaýsyz sorag berdi.
Bu wagt Gün süýr depä çykyp, içinde jany bary kölege gözläp ýörmeli edipdi. Töwerek-daşda iñlär siñek ýokdy, bolaýanda-da iñlemäge ýarajak däldi. Gögeýinler – başga gep, Baş oba müdiri adam sypatynda-da eýmenmän olara seredip bilmedi – ýakymsyz jandarlar.
Olaryñ özüne näme ýamanlyk edip biljegini bilenok, ýöne gorkusy
aýrylanok. Eýsem Şalydan oña näme zyýan gelip biler? Bu belli däl,
ýöne timisgenip ýörmesi gorkuzýar. Musa sürüjisine gyýa garap,
jogaba garaşýandygyny bildirdi.
– Obada syýasy taýdan örän taýýarlykly bir maşgala bar. Men şonuñ aşygy, onuñ-da göwni mende ýaly – Şaly gedemlik bilen alkymyny galdyrdy. – Menden mynasyby tapmak oña başartmasa gerek,
galan oglanlaryñ hemmesi gurluşyk batalonynda gulluk edenler.
Meniñ jenap ýoldaş Prezidentiñ ynamyny ödäsim, öz saýlap-seçenim
bilen onuñ şahsyetine sejde edip ýaşasym gelýär. Arman, ýönekeý
oba sürüjisiniñ jenap ýoldaş Prezidente öz wepasyny subut etmäge
mümkinçiligi o diýen kän däl-dä. Bu, elbetde, barypýatan adalatsyzlyk!
– Gaty dogry aýdýañ. Men seniñ bilen müñde bir razylaşýan. Bu
dünýäniñ adalatsyzlygy tükenjek däl, ol seniñ ýaly watançylaryñ
müñlerçesiniñ ak gar ýaly päk arzuwlarynyñ, hyjuwlarynyñ we ylhamlarynyñ içine sogan dograýar! Ah, dünýä! Ah, pelek! Ýöne,
ynha, käwagt adamynyñ birdenkä aşygynyñ alçy gopaýmasy-da
bardyr. Seniñem bagtyñ getirdi, Şaly, sen bu gün-erte Enara
öýlenýärsiñ! – müdiriñ sesi bu gezek dabaraly çykdy.
Ýöne oña derek Şaly tüýküligine düwündi.
– O nähili? O nähili men Enara öýlenýärin? Men onuñ bilen tirkeşmesem näme?! Ýok, ýok, men ony başarjak däl, gyz maşgala boý
bolmasa, gyzygy ýok...
– Onuñ boý däldigini saña kim aýtdy?
– Ýylan çakanda, gananok... ganjarýar.
– Şony bileniñ üçinem... sen oña öýlenmeli bolarsyñ.
Şalynyñ dili tutuldy.
– Men... me... me...
270
– Edil özi, hut sen! – Musa äwmezek gürledi. – Ganhorlar, adam
öldürenler, elbetde, türmäniñ daşyny guçmaga mynasyp. Ýöne sen
mañlaýly ýigit ekeniñ.
– Men hatda adam öldüreniñ ýanynda-da durup göremok! – diýip,
Şaly uly ili bilen gygyrdy. – Onsoñ men nämüçin türmäniñ daş ýassygyny guçmalymyşym?!
Onuñ bu sözi Baş oba müdiriniñ ýeñse damaryny kiriş ýaly etdi.
Musa jäheksiz agzyny giñden açyp, onuñ ýüzüne awusyny pürkerli
göründi. Ýöne özüniñ kimdigi hem nirede ýörendigi ýadyna düşüp,
ýuwaşady, kinaýaly gürledi.
– Eý, akja jüýje, sen, heý, Öweziñ nädip ölenini-hä gören dälsiñdä? Ol nä, ýatdy-da, ýöne çabalanyberdimi? Beýle bolsa, meselem,
sen nämüçin şeýdip öläýeñok, hä? Belki, kimdir biri Öweziñ kellesini alandyr?
Şaly gürrüñdeşiniñ ýüzüne agzyny öweldip seretdi, ol öz gulaklaryna ynanjagyny-da bilmedi, ynanmajagyny-da. Ol öz boýnundan ýogyn syrtmagyñ howlukman ilip gelýändigini duýdy, hopukdy. Bu
beladan başyny gutarmak üçin başardygyndan gep owadanlady.
– Öwez çekimde päk zähmet çekip ýörkä gahrymanlarça wepat
boldy. Onsoñ zähmetkeşleriñ islegine görä, gahrymançylygyñ bolan
ýerine jenap ýoldaş Prezidentiñ ady dakyldy. Öwez şehitleriñ sanyna
girdi. Biziñ duşmanlarymyzyñ ony o dünýäden gelip öldürip giden
bolmagy-da ahmal. Olar bizi ýüzügara etmek üçin hiç zatdan
gaýtmazlar.
– Belki, sen ony iñ soñky gezek haçan göreniñi aýdarsyñ?
– Elbetde, men ony ölmezinden öñ gördüm. Bir gün irden işe gelsem, ol çekimiñ daşynda aýlanyp ýören ekeni, özem kä ýerde-kä
ýerde aşak oturýar, kirşeniñ üstlerini siññin synlaýar, seredişi gaty
ykjam. Töwerek ýañy ýagtylyp barýardy, men ol wagt traktor
sürýärdim. Ana, onsoñ Öweziñ bolup ýörşüni geñ görüp, men ony
kesesinden synlap durdum.
– ”Näme how – diýdim, – ýitirdiñmi bir zat? Ýer bilen ýaman yhlasly-la?” – ol dikeldi-de, ap-ajy ýylgyrdy. Men haýran galdym. Dañ
bilen adamyñ beýle ajy ýylgyryşyny men öñ hiç wagt görmändim,
ýogsam, özüñiz bilýäñiz, men nyzamly goşunda gul...
– Ony bilýän, yzy!
Maşyn siltenip, ýoldan çykjak-çykjak boldy, ýene dograldy.
271
– Hawa, onsoñ ol başyny ýaýkady, uludan demini aldy, birini gözleýän ýaly garanjaklady, dymdy. Neressäñ bokurdagy gurap duran
bolarly, geplejek bolanda, kän wagtlap ardynjyrady.
– ”Ýiten zada-ha bar-la welin, arman, yzyndan ýeterden güýjüm
asgyn gelýär. Bir peläket ukudakam, ejizkäm her gije gelip, meni
bogup gidýär. Adam, uklasa, biçäre. Şunça oýanaýyn diýýän welin,
eger oýanyp bilemok, olam gelip bokurdagyma münýär, demimi
berenok.”
– ”Ol” diýýäniñ kim?”
Öwezem ýene ýañky aýdan ýylgyrmamy etdi.
– ”Kimdigini bilsem, bolaýmajakmy? Ol maña kimdigini aýdýarmy? – soñra ol gapylary kül-uşak bolup ýatan, penjireleri goparylan
Bakja garşy elini salgady. – Şunda bir bela barmykan diýýän. Gijelerine bu taýy ümsüm däl... Elime panusy alyp, içine aýlanyp gaýdýan,
hiç kim ýok, çykdygyñam, ýene yzyñda iññildi... Ýeri bolýar-da –
diýip, ol soñra gürrüñi başga ýana sowdy. – Ýör, çaý içeli, tañkany
oda goýupdym, gaýnandyr.”
– ”Eýýäm odam ýakyp ýetişdiñmi?”
– ”Hüm-m... – Öwez hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. – Uzyn gije
ot ýakyp geçdiñmi diýsene? Maña ýatuw barmy? Meniñ yzym kölegeli...”
Ol gözlerini süzüp, uzaklara gaýgyly seretdi. Şonda men onuñ çekge damarlarynyñ dartylyp gidişinden dişlerini gapyşdyryp gyjynýandygyny bildim, gulagyma onuñ azy dişleriniñ gyçyrdysy geliberdi.
Biz onuñ gije ýatan ýeriniñ beýle ýanynda, oduñ başynda oturyp, ajy
gök çaý içdik. Ol ikimiz ganybir aga-ini ýalydyk. Öwez öldi – menem ýetim galdym. Men bu hakynda eýýäm ähli gazetlere interwýu
berdim, radioda, telewideniýede-de çykyş etdim. Halk meniñ çykyşlarymy gowy kabul etdi. Bu hakynda dokumental tassyklamalar oba
arhiwinde saklanýar.
– Meniñ gazet okamaga wagtym ýok, özüñ bilýäñ, hojalyk işleri
meni halys alyp ýatjak... – Müdir köpbilmişlik bilen kellesini öñe
salgady. – Sür, ş-şuş-şu ýerden jenap ýoldaş Prezident adyndaky
çekime!
Az salymdan Şalynyñ maşyny gugaryp ýatan çekimiñ çetinde saklandy. Musa maşyndan düşüp, ýurda belli äpet suratyñ ýüzüniñ tozanyny süpürişdirdi-de, pagta ýüklenýän çukuryñ gyrasyna ýöneldi. Ol
272
çukuryñ gyrajygynda howply oýun görkezmäge taýynlanýan darbazçy kimin leññer atyp durdy.
– Ş-ş-şaly! Bärik! – onuñ sesi çekimde güñleç hem haýbatly ýañlandy. – Düş-ş maş-şyndan!
Ýüregine gorky kürsäp uran Şaly aýaklaryny sandyradyp, Musadan
gözlerini aýyrman, maşyndan düşdi. Onuñ ulag bilen ganawyñ aralygyny geçmegi uly görgülige aýlandy. Atuwa höküm edilen jenaýatçy dek, her ädimini gorka ätläp, ahyrsoñy Musanyñ elýeterine
geldi. Şol wagtam ol öz töwereginiñ bar-ha garalyp, özüniñ gara
basýan ýaly hala düşendigini duýdy; Musanyñ çakyry çykan sesi indi
onuñ süýr depesinde ýañlandy, ol edil kellesine kerpiç degen ýaly
entiredi; çakyr ses onuñ gulagyny gazady, batnyksyz haşyrdy gulagyna golaýlanda, gözleri köwlenen kör dek ellerini öñe serip, ýapyşalga gözledi.
– Beýle tomaş-şany sen kyýamatda-da görmersiñ! Sere-et, seret! –
bu tümlükde Şala Musanyñ sesinden başga ýapyşalga galmady, şonuñ üçinem ol howatyr edýän haşyrdysyna garşy ýöredi. – Se-e-re-et,
gö-özüñ – nä-äme-e – gö-rýä-ş-ş-ş!
Bu wagt Şalynyñ gözüniñ öñünde şeýle elhenç görnüş janlandy. Ol
gijäniñ ýarynda öz traktoryny tarladyp, öñündäki ganawyñ günbatar
çetinden aşak okdurylýar, çukuryñ içinde bolsa, Öwez nämedir bir
zady gözlenip, ýer sermenip ýör, onuñ elinde ne çyra bar, ne yşyk...
– Aýryl! Sowul ýoldan, Öwe-eez! – ol garabasýanyñ boguk sesi
bilen çukuryñ gyrasyndan aýylganç gygyrdy.
Öwez ”diýýäñmi-de?” diýenok, gaýta kellesini Şalynyñ traktorynyñ
gelýän gapdalyna öwrüp, öñküdenem beter aşak ýapyrylýar. Şalynyñ
bolsa gözleri depesinde, ol ganawyñ kertiniñ üstaşyry nirädir añryk
bir ýerlere seredýär; huşy başyndan göçen Şaly çukuryñ gyrasynda
elini serip, ikiýana elewreýär, gygyrýar, onuñ süýr depesinde bolsa,
Musanyñ içýakgyç gülküsi pelesañ urýar.
– Ha-ha-ha-ha! Ş-ş-şeýle-ş-ş!
– Dur! ”Dur!” diýdim men saña, Öwez! Traktoryñ öñünden sowul!
Şaly garañkynyñ içinde özüni bu beladan gutarmak üçin traktoryñ
öñünden çykaýyn diýip, ganawyñ gündogaryna ylgady. Emma ol
ýetişmedi, hemme zat edil geçen güýz gijesindäki ýaly bolup geçdi.
Traktoryñ üstünde oturan Şaly çukuryñ gyrasynda elewräp ýören
Şala: ”Maña diýýäñmi ýa ite diýýäñmi-de?” diýmedi, oña garşy gañ273
rylybam bakmady. Musa bolsa, edil ýüreginden turýan geñ-enaýy
tomaşany görýäni üçin ellerini çarpyp, şol ”ha-ha-haýlady” durdy, ol
Şalynyñ perişan halyna heziller edindi. Şol barmana-da, traktor gum
diwara garşy arkan serpilen Öweziñ dikana üstünden geldi. Büdenekläp, onuñ iñ soñunda kellesini öz traktorynyñ ýalaw ýaly pilçeazallarynyñ aşagynda goýşuny Şaly içini aýylganç çekip synlady.
Gaýtadan çukuryñ gyrasyna dyrmaşyp, oýuñ gyrasy bilen traktorynyñ garşysyna emedekläp barşyna ol Öweziñ betbagt kellesiniñ añrylygyna togalanyp gidenini, Öweziñ ony alyp, gaýtadan ýerinde oturtjak bolşuny gördi. Etjegi bolmansoñ, gany joralanýan gara kellesini
ýere gaçyryp, onuñ läşi Şalynyñ edil gözleriniñ alnynda elhenç jebir
bilen düýrülip-ýazyldy, dyzanaklady...
Şalynyñ haýkylygyndan ýaña gum-gukluk bolup ýatan çekim lerzana gelip, onuñ sesi allowarrada işleşip ýören daýhanlaryñ ýüregini
sarsdyrdy, emma jyzyrdadyp ýakyp barýan Günüñ astynda köýüp
ýören görgüliler muny ýagşylyga ýordular: ”Ertir erbet jala geler,
bizem bir gün dynç alarys!” Şaly öz haýkylygyna köki sogrulan içi
pakyr agaç kimin ikiýana leññer atdy, soñam kirşeniñ üstüne jalkyldap gaýtdy. Ol birsalym Musanyñ gözüniñ alnynda guma agynady.
Musa tolgundyryjy ýagdaýa düşdi, ol maşynynyñ ýanyna gidip, özi
üçin içer ýaly suw getirindi. Şalynyñ başujynda oturyp, owurtlap
içdi. Agzy kepäp ýatan Şalynyñ kem-kemden özüne gelerine sabyrlylyk bilen garaşdy, oña suw dadyrdy. Kepjebaşyñ ýüreginde rehimsizligiñ ýetmezçilik edýäni bildirdi.
Şaly özüne gelensoñ, gözlerini açmaga gorkup, ýene birsalym ýatdy, soñra gabagyny galdyryp, öz başujuny saklap oturan adama kütek agyrydan sarsgyn alan gözleri bilen dykgatly seretdi; şonda onuñ
çekgelerine ýelmeşen täsin gulajyklaryny, ýylanyñka meñzeş tenini,
ýap-ýasy alkymyny, saçy seýrek ýylçyr kellesini gördi, üstüne abanyp oturanyñ sowuk gözleri onuñ endamyny dyglatdy, ol kirşeniñ
üstünde ýatan ýerinden bir gyzdyrdy, bir üşetdi; ol häzir birnäçe
aýdan bäri gapdallaşyp ýören adamsynyñ gözlerinde ozal görmedik
alamatlaryny saýgardy, ysgynsyz göwresine erk edip bilmän ýatdy.
Ol nädip bu gorkunç adamynyñ eline galdyka? Kim Şalyny munuñ
elinden alar? Bu adam birdenkä ony öldüräýmez-dä hernä? Ýadyna
ölüm düşende, Şalynyñ bütin göwresi elendi. Bu görnüşden tiz ýadan
274
Musa onuñ boýnundan tutdy-da, gaty ýeriñ üstün basyp, süñksüz
elleri bilen,demligini mylaýymdan berk gysyp ugrady...
– Larin kim?..
Şalynyñ jany bokurdagyna geldi.
– Bilýän bolsam, takyr tümmek bolaýyn!
– Halymsyrama!
Musa Çöli öz pidasynyñ demligini öñküden-de beter gysdy.
– Onuñ çyn adyny bilemok, ýöne häzir haýsydyr bir ”Şyh” Larin
bolup işleýär-r-r... bokurdagymy goýber! Hoja, seýit, ors, pars, türk
ýa-da garaçydyr… Hakynatutmanyñam bir milleti bolarmy: Larin –
Larindir-dä...
– Däliniñ müñ gepi telek, bir gepi – gerek… Akylly gürrüñ... – Baş
oba müdiri pidasynyñ bokurdagyny gowşatdy-da, gürrüñi derrew özi
üçin gorkusyz ugra sowdy: – Dünýäde adalat galmady! Ah, dünýä,
dünýä! Dost dosty ş-şeýle doñýüreklik bilen öldürer diýip, kimiñ
kellesine gelsin?! Kimiñ! Ýeri, näme diýip, näme aýdarsyñ, goñşy
goñşa, oba oba, adam adama ýagy! Olar biri-biriniñ çignini gemirjek! Ýok, hemmesi gutardy! Gutardy! Neneñ gutarmasyn, adamlar
biri-biri bilen ilki-hä saçagyñ başynda bile oturýarlar, arak içýärler,
soñundanam onuñ kellesini kesip, güýz gijesi arkaýyn öz öýlerine
ýatmaga ötägidýäler! Eger-de muny eş-şitmeli edaralar eşidäýse, kim
bilýär, yzy nämä ýazjak? Ýöne bu jenaýaty göreniñ welin, muny
olara ýetirmek, elbetde, jana-jan borjy. Ellerine takyk maglumaty
alan hökümet edaralarynyñ beýle elhenç jenaýaty edene nähili jeza
berjekdigini bilibermeli. Çekimiñ garawulynyñ kellesiniñ nämüçin
alynýandygyny kim bilenok? Derñew başlandygy geçen ýylyñ hasylyndan näçe ýetmeýändigi derrew belli bolar. Onsoñ Gulluşyñ tarpataýyn ölümine gözi gidenler tapylsa gerek. Olar ertiriñ özünde ganhoryñ ellerini syrtyna dañyp, obadan südürläp alyp çykarlar. Men
ony edil ş-şuş-şu wagtam görüp durun! Heý, bu ýerde düşnüksiz zat
barmy? Kim muña geñ galar? Ýok, geñ galan tapylmaz, ol kümsük
jellada uly il nälet okar: nälet! nälet! nälet! Wah, Öwez neresse... Ol
nähili zähmetsöýer, ynsaply hem hoşgylawdy!
– Ýoo-ok! – Şaly jynssyz gygyrdy. Ol edil gummajäjegi pozulan
çagajyk kimin bagyryp, gum tozatmaga oturdy. – Ýo-ok, men Öwezi
öldüremok! Sen özüñ gördüñ, meniñ traktorymyñ aşagyna ol öz aýagy bilen gelip girdi, men günäkär däl!
275
Musa onuñ samany çykan saçlaryny şagyrdadyp sypalap, başardygyndan köşeşdirdi.
– Düş-şünýän... düş-şünýän... dünýäniñ doñýürekligi çakyñ däl,
käşgi biziñ adam ş-şekilli... äh-hem, kanunlarymyz bolan bolsady,
gör, nähili gowy bolardy Emma, heý, bu biweç dünýäniñ adamynyñ
ahy-zary bilen işi barmy, kelle keseni ”sen günäkärmi?” diýip durman, gös-göni gümlama iberjekler, elbetde, diñe üsti açylsa! Açylmasa, tersine, wezipesi beýgelibem biler, özem kelläni näçe köp kesdigiñçe, ş-şansyñ ş-şonça-da artyk. Bir kelle kesen jenaýatçy, müñ
kelle kesen – serdar! Ýöne, hany, ýönekeý oba oglanynyñ kelleden
dag ýasamak mümkinçiligi barmy näme? Ol, añry gitse, ýekeje kelle
kakyp bilýär, olam, soñ görseñ, hut öz obadaşynyñ kellesi bolup
çykýar. Ýöne munuñ üçin onuñ gadyryny biljek barmy? Ýok, tersine, derrew zeýli zyndana atjaklar. Bary-ýogy ýekeje kelle üçin! Ah,
bipeýan dünýä! Namart dünýä! – müdir sözüniñ arasyna dyngy berip, öz pidasyna işdämen nazar aýlady, aýak astynda guma bulaşyp
oturan ýaş ýigide onuñ tasdanam haýpy gelipdi. – Bu bolýan zatlara
hiç akylyñ çatanok, heýem adam adama beýle-bela sütem edermi?
Partiýanyñ çagyryşlaryndan: ”Adam adama – dostdur, dogandyr!”
Eger-de biz özümizi araga-ş-şeraba berip, çem gelen ýerde ýatypturup, öz obadaşlarymyzyñ kellesini pyzlawuk kädi ýaly kakyp ýörsek, gören ýerde çüýş-şe döwüp, dünýäni çüýş-şe döwüginden doldursak, onda biziñ nesillerimiz soñra nirede süýş-şeneklesin? – Musa
Şala garşy eglip, onuñ betbagt başyny öz gursagynda goýdy, kirşenini tozadyp, saçyny sypady. – Ikimiziñkem kyn. Ýöne ol hiç, munuñ
ýaly ýagdaýda esasy zat – özüñi ýitirmezlik. Gel, bileje pikirlenip
göreli, öz geljegimizi biziñ özümiz getirmelimi ýa-da başga biri?
Elbetde, baş-şga! Ikimiz ony getirip bilmeris, onuñ üçin atyñ ýüregi
ýaly ýürek gerek, ýöne olam – tüf! – diýmäýin diýsem, her kimde
ýok, meniñkem özüme gerek; ýöne sen hötjetlik etme, ýogsam bagt
guşy seniñ depäñe gonmagyñ deregine gözüñi çokaýmasyn! Bir zady
bilip goý, seniñ ol guşdan gaçyp sypjak ýeriñ ýok! – müdir ýerinden
turdy, çaky ol indi öz keýpihon monologyny ahyrlap barýardy. –
Hany, tur ýeriñden, tur! Indi seniñ bilen düş-şnükli gürrüñ bar. –
Şaly yra-dara ýerinden turdy, hassa haýallygy bilen üsti-başyny kakyşdyrdy. Musa jemleýji pelsepe otarýan şekilde gürrüñini dowam
etdi: – Elbetde, Enar ýaly päkize gyz seniñ kimin jenaýatça mynasyp
276
däl, görş-şüñ ýaly, seniñ ýeriñ zyndanyñ töründe, sen Enaryñ näzik
bilini däl-de, eýsem zyndanyñ sowuk daş-şlaryny guçmaly, ýöne biz
seniñ özüñ bilen deñ bolmarys. – Musa şeýle diýip, edil drama
aktýory kimin ajaýyp pauza saklady we öz sürüjisine tüýs ýürekden
möññürip goýbermäge wagt berdi. Şaly mundan ussatlarça peýdalanyp, gugaryp ýatan çekimi ýañlandyrdy. Alyp barýan terbiýeçilik
işiniñ netijesine göwni ýeten Musa-da hamsykjak ýaly etdi, ýöne öz
tebigatyndan uzaklaşmady. Eline gelen awuny lak-luk atyp goýbermezden öñ ol pişigiñ syçany edişi dek ýene birki gezek onuñ o taýyna-bu taýyna kakyp gördi: – Onda, diýmek, sen türmä gitmäge razyda?
– Ýo-ok! – diýip, Şaly dişinden syzdyrdy. – Razy däl! Men türmäde gitjek däl, Enara-da öýlenjek däl! Men syýasy taýdan sowatly gyz
almakçy. Meselem, Syýagüli!
– Onuñ aýaklary gowky ahyryn! – müdir öz sürüjisiniñ mädesiniñ
iriligine haýran galdy.
– Oña derek – ol partiýa agzasy! – diýip, Şaly ýüregini dökdi.
Bu gezek ýylanyñ sesi hökümli çykdy.
– Oña derek Enar – jenap ýoldaş Prezidenti gören! Bu ýerde kelle
döwesi iş ýok, sen Enara öýlenmeseñ, ol saña äre çykýar. Bu Býuronyñ karary, düşnüklimi?!
Şaly lak boldy. Wakanyñ aýratyn mana eýe bolmagy ony öz gözüniñ öñünde bir gez beýgeltdi. Ol düýbünden başga terzden gopdy,
salykatlylyk bilen ýerinden turdy, üst-başyny kakyşdyrdy.
– Toý haçan?
– Onuñ habary indi gelmeli. Toýda seni partiýa agzalygyna almak
barada-da karar bar, ykjamlanyber. Ýöne bilip goý, Enaryñ islegine
garşy giden günüñ – iş-şiñ gaýtdygydyr! Ş-şol günden soñ görjegiñ –
türmäniñ aýşy-eşreti bolar. Gyzy eliñ aýasynda sakla!
– Düşünýän... – Şaly boýnuny burdy.
Baş oba müdiri uzaga bakyp, öñdengörüjilik bilen pelsepe satdy.
– Ählihalk deputatyny dört diwara gabap, üstünden ärlik satyp ýörüp bolmaz, ol bir erkin guşdur. Ol bütin jemgyetiñ baýlygy, ol milli
baýlyk! jemgyetiñ öñdebaryjy böleginiñ adyndan berk duýduryp
goýýaryn: Enaryñ aýdany – aýdan, diýeni – diýen bolmaly. Sen ertirden... ýok! – düýnden baş-şlap, özüñi onuñ hyzmatkäri diýip ha277
saplarsyñ! Onda toýa taýynlyk görüber, al, saña sowalga, suwa düş-ş,
saçyñy aldyr, üst-baş-şyña seret. Nähili toý etsem diýýäñ?
– Elbetde, dabaraly! Ilde ýok toý! Goşundan harby orkestr çagyrmaly bolar.
– ”Guş-ş ganatsyz bolmaz, adam – arzuwsyz!” – Musa ýañsylady,
onuñ erni-de azajyk gyşaryp gitdi. – Seniñ päk arzuwyñ hasyl bolar,
begen! Seniñ toýuña wezipeli adamlar geler, hatda Býurodan-da
wekil gelmegi ahmal, geñ galma. Asla sen indiden eýläk hiç zada geñ
galma, ýaşa... Ýaş-şaýyş-şdan lezzet al!
Soñra olar müdir bilen yzlaryna, oba gaýdyp gelýärkäler, ertesi gün
üsti naz-nygmatly stollaryñ başynda oturyşlaryny göz öñne getirdi...
Toý, dabara, şatlyk, iýgi, içgi, welaýat häkiminiñ hut özi gelip, onuñ
nika toýuny gutlaýar, onuñ bu welaýatda nyzamly goşunda gulluk
eden ýeke-täk ýigitdigini ýörite belläp, toýuñ çelpegine ýetişmändigi
üçin ötünç soraýar, oña öz eli bilen arak guýup berýär. Huşy göçen
Şaly bulgurlary yzly-yzyna başyna çekýär, dabara dik asmana göterilýär. Bir görse-de, gijäniñ ýary, daş-töwerekde toýuñ şowhuny, olar
bolsa, Enar bilen bir düşekde çolaşyp-çyrmaşyp ýatyrlar. Ýöne bu
wakanyñ bolmagyna entek wagt bar, häzirlikçe müdir ikisi gumak
ýoldan torgaýlary ürküzip, öñe okdurylyp barýarlar.
”Bu bolýan zatlara seretsen-e... – müdir içini gepledýär. – Göräýmäge, bu welaýatda indi ondan güýçli adam ýok. Welaýat häkiminiñ özi-de, ondan eýmenýär, onda-da ugran ugry – garañkylyk,
basan ýeri gap-çanak. Folklorçy Enar, onuñ ”tur, otur-kersen getiri”
ondan öñürti Ählihalk deputaty boldy. Onuñ indi bir aýagy paýtagtda. Paýtagt, belki, folklorçylaryñ yzyna düşüp, bu ýere göçüp gelendir? ”Tüf!” – müdir agzyna giren çägäni gyçyrdadyp, gapdala
tüýkürdi. – Durmuşyñ göze görünýän bölegi bar, görünmeýäni bar.
Olar biri-biriniñ dowamymyka? Görünýän hem görünmeýän bölekler
sepleşip, bir bütewi ýaşaýyşy emele getirýärmikän? Belki, ol entek
adamlaryñ ýaşaýşynyñ düýbüne ýetip bilen däldir? Ol olary tanap
ýetişdimi? Häzirlikçe onuñ öwreneni: adamlara öz diýenini etdirmek.
Munuñ üçin ol ýylan jadysyny ulanýar, ýalbarýar, haýbat atýar, ant
içip, awy ýalaýar, hile gurýar... Ýüz ugruna bitmedik işini şeýdip
bitirýär. Bitirýärmikäm diýýär. Emma bir aýlawda görse, bitirdim
eden işi öñki ýerinde ýatyr. Adamlar şeýle bir hile tapýarlar, hoşuña
gelsin! Olara doly erk ýetmäge okumyş ýylanyñ güýji ýetmese nä278
dersiñ. Her ädimde adamlaryñ sapagy onuñkydan üstün çykarly görünýär. Nädip? – ýylan ynjalygyny ýitirdi. Soñra ol şeýleräk netijä
geldi: – Adamlaryñ okuwynyñ zor gelýäniniñ düýp sebäbi, olar biribirini aldaýarlar, kast edýärler, zadyny ogurlaýarlar. Onsoñ biribirinden asgyn gelmejek bolup, gije-gündiz gözlegde, aýaklaryny
uzadyp, arkaýyn ýatjak gümanlary ýok. Biriniñ tapan emelinden
beýlekisi öñe geçjek, täze pirim edinjek, üçünjisi bu tapylan pirimden gutuljak, onsoñ ol ýene-de bir açyş edýär... Şeýdibem durmuş,
ýaşaýyş çylşyrymlaşyp gidip otyr. Onuñam bir çeti gelip, çöle
degýär. Ýogsam ol öz dogduk depesini terk edip, bu ýürekbulanç yskoklaryñ arasyna gelermidi? Adamlar bilen ýüzbe-ýüz bolarmydy?
Gelipdir – tañ edipdir, öz maksadyna ýetmek üçin ol indi näme etmeli? ”Namartja olam, sagja olam” diýip, yzyna gaçmalymy? Nä ýüzüne çöle dolanyp barsyn? Ol taýda onuñ orny kül üstünde bolar. Betnyşan alahöwreni nätjek? Ol diñe ş-şu waka garaşyp ýatandyr. Kepjebaş ysgyndan düşüp, yzyna gaçyp barsa, onuñ göhi gelmezmi? Ol
ähli gum depelerini süýşenekläp aýlanyp çykmazmy? Çölüñ depesinden inen ähli betbagtçylygy Kepjebaşyñ ýazygy edip goýmazmy?
Onsuzam günsaýyn daralyp barýan çöl soñra Kepjebaş üçin darajyk
kapasa dönmezmi? Kemsidilip ýaşamagyñ ölümden nämesi gowy?
Ol müzzermeli däl, gidişmeli, asgyn gelen ýerinde zäherini, ýogsa-da
jadysyny ulanmaly, nämüçin ol özüni ýa-da kimdir birini gaýgyrmaly? Kepjebaş üçin çydap bolmajak diñe bir hasrat bar, ol hem bu
biweç adamlardan ýeñlip, çöle dolanmak. Ol ölümden gorkanok, bir
başa – bir ölüm her ýerde-de bardyr, ol başyny dik tutup ýaşamak
bagtyny gidermekden gorkýar. Ýeriñ aşagynda busup ýaşar ýaly ol
nä eýse gömülgenmi?! Ýok, Kepjebaş başyny dik tutup ýaşar, ýogsada ölüm!
Kepjebaşyñ sowuk gany ýene-de gaýnara golaý geldi. Ol ikiýana
owsunýanyny bilmän, gapdalyndakyny kemsiz gorkuzdy. Bu wagt ol
özüne erk ederden ejizdi. Müdiriñ her bir hereketini gabak astyndan
synlap oturan Şaly arasynda halys ynjalykdan gaçýardy. Muny
duýan ýylan özüne zoraýakdan basalyk berdi. Şala öýkünip, kirşenli
ýola gözlerini dikdi. Ýöne loñkuldap, ýoly kesip geçen dok atýalmany görende, owsunanyny duýmady. Şaly öz hojaýynyna garşy ýenede gözleriniñ gyýtagyny aýlady.
279
– Ýalman... – Musa ony ynjaltmak üçin başardygyndan perwaýsyz seslendi. – Düşnüksiz jandarlar, gowy görjegiñem bilip
bolanok, ýigrenjegiñem – edil adamlar ýaly...
280
14. Garañky çyralar
Gowy görülse-de, erbet görülse-de, jenap ýoldaş Prezident ömrüniñ
dowamynda hiç haçan ätiýajy elden bermedi. Çünki, onuñ göwnüne
bolmasa, bu ýerde bir geñlik bardy: şol bir gylygy üçin kimse ony
gowy görse, kimse ýigrenerdi. ”Diýmek, gep seniñ gylygyñda däl,
kimligiñde” diýip, ol mundan özüçe netije çykardy. Kyn ýeri, onuñ
kimligi uzak wagtlap belli bolmady: itde san bar, onda ýok. Näçe
kemsinse-de, onuñ üýtgedip bilen zady bolmady. Özünden ökdeleriñ
kölegesi ony eýikdirmedi. Onsoñ ol niçik ýoly saýlap almalydygyny
bildi, onuñky göze ilmezlik. Ol öz-özüniñ kölegesine öwrülmegi
başardy: baram ýaly, ýogam ýaly! Özünden wezipesi uly näme iş
buýrsa-da, kiçi näme iş buýrsa-da, ýüzüni çytman ylgady. Şeýdibem,
ol ahyrsoñy Günüñ aşagyndan özüne ýer edindi. Ony bu dünýä sygyrmajak bolanlar, soñra bir aýlawda onsuz gününi görüp bilmez
bolup galdylar. Ýumuş oglany bolmasa, ýumuş ýerde ýatmazmy?
Onsoñ oña bütin töwerek bolup öwrenişdiler, ony geñ duýgy bilen
söýdüler. Alaçsyz. Onuñ wezipesi ösdürilende ne uludan ses çykdy,
ne-de kiçiden. Töweregindäkiler özüni ondan akylly saýýardylar,
şonuñ üçinem onuñ wezipesiniñ ulalmagyndan gorkýan ýokdy. Ana,
şeýtdi-de, ol edil zäherli ýylan kömelegi ýaly, ýerden ýeke çykyp,
adamlaryñ gözüniñ alnynda telpegini tegeledi gidiberdi. Elbetde, bu
ýol oña añsat düşmedi, kän güýjüni aldy. Huşuna zarba urdy. Onsoñ
huşsuzlykdan häkimiýeti elden gideräýmezlik üçin ol ätiýaçdan ähli
ünsüni diñe bir zatda jemlemeli boldy: kim oña boýun egýär, kim-de
boýun egenok? Şondan uly zada akyl ýetirerden ol indi ejizdi. Gowy
geýinmegi hem boýun egýänleri boýun egmeýänleriñ garşysyna ulanyp bilmegi ýurtda syýasy durnuklylygy döretdi. Munuñ üçin ol
minneti Ýokary partiýa mekdebinden hem ýetimler öýünden çekmelidi. Bu işi ýola goýansoñ, ol birneme arkaýynlaşdy: bu ýurtda günüñ-güni öz emri bilen bolup geçýän zatlara oña synçy hökmünde
keseden sowukganlylyk bilen syn edibermek galdy.
Jenap ýoldaş Prezident ak saçlarynyñ gyryndysyna elini ýetirdi-de,
aýna seredip, ”ah” çekdi, gör, bu bolýan işleri: ýüzi bäbegiñ ýüzi
ýaly, emma başy süzme çalnandan enaýy däl, duw ak. Dagy näme:
281
onuñ başyna çet ýurduñ gary köp ýagdy, ýöne Tañry şaýatdyr, ýat
ýurtda ol öz erkine entemedi, bilim-terbiýe aldy, kämil çykdy, öz
ýurduny dolandyrmagy öwrendi. Bir günden bir günem yzyna dolanyp geldi. Ol ýeñiji bolup gaýdyp geldi, emma adamlar ol döwürde
entek muny bilenokdylar, þonuñ üçinem ondan hiç kim eýmenmedi,
asla eýmenmelidirem öýtmedi. Ol bolsa, howlukman öz atynyñ çykjak wagtyna garaşdy. Ol bir gurlup goýlan duzakdy. Gözlükör adamlar bolsa, ony itiñ güjügiçe-de görmediler, onuñ içini güldürdiler.
Hemme zady öñünden bilip durka, eýsem nämüçin onuñ içi gülmesin? Adamlar ýetişiksiz gara gündediler: işlidiler, başagaýdylar,
zähmetsöýerdiler. Aýaklarynyñ aşagynda togarlanyp ýören ýumuş
oglanynyñ olar üçin baryndan ýogy ýakyndy. Ýumuş buýurmaly
bolanda göze iläýmese, galan wagt kimiñ onda gözi äginsin? Onuñda ýumuşdan gaçmasy ýok, buýrmaga utanmasalar, bitirmäge utananok. Iki gapdal-da mundan hoşal. Onsoñ ol ösmän, eýsem kim össün? Adamlar ýylgyrýar oñaýýardylar. Ol-da edil öñküsi ýaly öz
hojaýynlaryna-da, golastylaryna-da çaý goýup, çäýnekleri çaýkaşdyryp ýörendir...
Oña ynam şeýle bir güýçlüdi welin, ony hatda adam hasabyna-da
görmezdiler! Mesçilige, keýp çekmäge gidenlerinde-de, ony gapyny
saklaýan aragezen aýaly güýmetmäge äkiderdiler. Ol garşylyk görkezmezdi, giderdi. Onuñ hojaýynlary içki jaýda ”men” diýen ýaş
gelinler bilen şerap süzüp, keýpi-sapa ulaşanda, ol daşky jaýda öý
eýesi – gartaşan aýal bilen ümmüldeşerdi. Keýpi kök hojaýynlar içgi
ýa-da gaýry hyzmat isläp, arasynda daşky jaýa boýunlaryny uzadanda, ýetişip, gyra çekilerdi. Ýöne bir gezek daşky jaýa boýnuny uzadan Larin onuñ aragezen aýaly sokjap oturanyny gözi bilen gördi.
”Näme edýäñ?” diýip, ol içini tutup güldi. – ”Wagtymy geçirýän”
diýip, ýumuş oglany arkaýyn jogap berdi. – ”Hezil berýärmi?” –
”Tomsuñ aýy buz ýaly gujak kemem däl!” diýip, ol öz orunbasarynyñ keýpini öñküden-de beter göterdi. Emma basym ol Larine ýüz
tutmaly boldy: ”Gaýrat et-de, bir çäresini tap, aragezen göwresindäki
çagany aýyrtmajak bolýar...” Hüwügöz Larin ýalañaç mañlaýynda
nika ýüzükli barmagyny gezdirip, böwrüne doñuz diñini saldy, howlukman gürledi: ”Ertir onuñ ýanyna bile gideli. Sen gaýtadan ynamyna gir-de, ony gujagyña al, dyzyñ üstünde oturt, galanyny özüm
oñararyn...”
282
Ertesi bular tirkeşip, hötjet aragezeniñ öýüne bardylar. Onuñ bilen
şerap süzdüler. Keýpleri ýetjek derejesine ýetende, ol aragezeni dyzynyñ üstüne aldy. Şol wagt Larin goltuk jübüsinden naşyja fotokamerany çykaryp, bagtly pursaty surata almakçydygyny aýtdy. ”Men
surata owadan düşemok” diýip, ala gargany ahmal görýän aragezen
azajyk tyýkyrajak boldy. Larine geregi-de şoldy, ol derrew ”aşykmagşuklary” suratda owadan görner ýaly oturtmak üçin üstbaşlaryny düzedişdirip, eýläk-beýläk öwrüşdirmäge girişdi. Şol
wagt-da kameranyñ düwmesi öz-özünden birnäçe gezek basyldy.
Bolany şol. Kameranyñ ýalpyldysy öýüñ aýnasyna ýalkym salan
badyna-da, gapy jyññyrdap, içerik uçastok miliöioneri bilen goly
gyzyl bellikli iki sany meýletin halk kömekçisi sürrekleşip girdiler.
Olar ”goñşulardan signal” düşdi bahanasy bilen oturanlaryñ jübüsini
barlaşdyrdylar; Lariniñkiden naşyja fotokamera, aragezen ikisiniñkiden bolsa, barmagyñ başy ýaly tirýek çykdy. Aýñalyp ýetişmänkäde, aragezen ikisiniñ elleri bir zynjyra baglandy. Az-kem aljyraññylyga düşen Lariniñ kamerasy jübä girmezden ozal ”tötänden” ýenede birnäçe gezek töweregine ýalkym saçdy. Emma ol bu ýalñyşyny
derrew ýuwdy. ”Hukuk goraýyjyny” çete çekdi-de: ”Bu adamyny
maña ynansañyz, ömri ötýänçä özüm göz-gulak bolaýyn” diýdi.
Uçastok milisioneri onuñ ýanyna geldi-de, ýüzüne mylaýym ýylgyryp seretdi: ”Larin meniñ köne tanşym bolup çykdy, sen bütin ömrüñ
oña alkyş aýdyp ýaşamaly bolarsyñ. Men seni onuñ eline tabşyraýyn.
Ýöne onuñ diýeninden çykan günüñ aragezeniñe ýañadandan gowşarsyñ. Bu biçäräniñ senden gowy är tapmajagyny, bütin ömrüboýy
türmede ýoluña gözüni dikip garaşjakdygyny özüñ añýansyñ...”
– ”Är başy gowgasyz bolmaz!” – diýip, ýolda barýarkalar Larin
onuñ arkasyna kakdy. – Ine, indi sen hakyky erkek bolduñ – işiñ
suda düşdi.. Ýöne men ýanyñdakam hiç zady gaýgy etme. Esasy
mesele – aragezeni gözden salmazlyk. Beýlekileriñ hiç birine men
sypalga goýan däldirin, hemmesi, ine, meniñ jübümde! – ol fotokameraly jübüsine kakdy. – Sözlerinde durmajak bolubam bir görsünler! Saña indi diñe ösübermek galýar. – Ol duýdansyz ýerden hyjuwlanyp, öz başlygynyñ elini tüýs ýürekden gysdy. – Eger, walla, men
saña guwanýaryn! Bu agşam ikimiz, hamana, ýakyn garyndaş bolduk
diý-de düşünäý!
Ol welin nalaçlykdan ýaña ejizläp, Lariniñ boýnuna oraşdy, horkul283
dady:
– Men onda indi ýetim däl-dä? Şeýlemi?
– Elbetde! – Larin ony köşeşdirdi: – Sen indi ýetim däl. Seniñ arkañda indi biz bar.
”Siz kim?” diýip ol ne şol wagt, ne-de soñra sorap bildi. Larin-de
bu dogruda hiç haçan açyk pyşgyrmady. Şonuñ üçin-de ol hut şu
wagta deñeç-de özüni kimleriñ ogullyga alandygyny bilenok. Ýöne
her ädimde öz aladasynyñ eddilýändigini welin bilýär: ol indi ýetim
däl.
– Bu günki şowsuzlygy şowly jemlemeli! – pyýadalap, gijeki şäheri
kesip gelýärkäler Larin oña ýüzlendi. Ine, bu jaýyñ ikinji gatynda
meniñ iki saný gowý tanşým ýaşaýar. Biz nämüçin gijäniñ içinde
aýagymyzy süýräp, şäheriñ ol çetine gitmeli, irden ilden öñürti bu
ýerdenjik işe bararys!
Larin ony elinden tutup jaýyñ ikinji gatyna mündürdi. Bu öýde
onuñ üstüne howp abanmaýandygyna onuñ göz ýetirmegini isledi.
Öýdäki gyzlaryñ ikisi-de mylaýym maşgalady, ýöne biri has-da ýumry-ýumşakdy.. Ol gyz geljekki adamsynyñ hyzmatyny edýändigini
öñünden bilip duran ýaly ýa-da tötänden ýüregi syzan ýaly oña uzyn
gije hyzmat etdi ýatjak bolsa-da ýatyrmady. Ir bilen-de ony deñliderejeli edip, işine ugradyp, perişan görnüşde gözýaş edip galdy.
Bozulma bilseñ bozulma. Entek duşmadyk ýyly mähri ony pagyşpara eretdi. Şonuñ üçin-de, ol bu öýe gaýdyp dagy-duwara golaýlaşmaly däldigini bildi. Durmuş oña mähir tapan ýerinden gaça durmagy öwredipdi. Ýogsam onuñ özünden birnäçe ýaş uly maşgala öýlenäýmegi ahmal. Onsoñ ol dogry üç gün öz hyjuwyna bäs gelip, ol
maşgalany ýatlaman gezdi, emma dördülenji gün ir bilen aýak ýoluna gidende, öz halynyñ harapdygyny gördi: ujudynyñ ujunda iriñ
göründi…
– Munuñ, heý, bir alajy bolmazmy, doganym? – ol Larine arzyny
aýtdy.
Larin hyrçyny dişledi:
– ”Işiñ gaýtsa, dogan daýzañdan sifilis tutarsyñ!” diýleni-dä. Sen
mojugyna sataşypsyñ, ýöne bir zady bilip goý, kim bilen ýatypturanyñy aýtmasañ, lukmanlar bu keseli bejermezler. Ýat aýal bilen
ýatyp-turanyñy aýtdygyñ, syýasy karýerañ gutardygy bil!
– Onda men nätsemkäm? – ol Lariniñ elinden ýapyşdy.
284
– Beýtme, sen meni elleme, erbet bir zat ýokuşdarmagyñ ahmal.
Ikimizden birimiz bir arassa galaly. – Larin onuñ elini añryk itdi. –
Görýän welin, ol gyza öýlenmeseñ, seniñ işiñ pyrryk. Sebäbi özüñi
bejertjek bolsañ, onuñ adyny sorarlar, aýtmasañ – bejermezler,
aýtsañ, olam: ”Belañ körügi munuñ özi: bu keseli maña şu ýokuşdyrdy” diýse, seniñ dadyña kim ýetişsin? Bilkastlaýyn jyns keselini
ýaýradyjy diýip, seni gözenegiñ añrysyndan bakdyrarlar, işigaýdan!
– Ol beýle nadaramydyr? – ol halys aljyrap sorady.
– Ýok, ol bir ýumry-ýumşak maşgala, partiýa agzasy, hiç kesiñ
ýüzüne gelip bilenok. Ýogsam bolmanda, beýle ýokanç kesel ol
maşgalada nireden bolsun? – Larin oña halys haýpy gelip, başyny
ýaýkady. – Ýöne sen oña öýlenmeseñ, onuñ ömründe bir gezek nadaralyga ýüz urmaga haky barmyka diýýän. Oña öýlenip, bileje syrkawhana barsañyz welin, adam ogly sizi ahlaksyzlykda aýyplap bilmez. Aýalyñ arkañda dag ýaly bolup durka, kim saña aýyp ýöñkesin? Ýöñkejek bolaýanda-da, biz beýle adalatsyzlyga ýol bermeris.
Onda öñdäki şenbede seniñ öýleniş toýuñ – Larin öz iş bloknodyna
bellik etdi. Birdenem ol dabaraly yglan etdi: – Bilýäñmi näme, meniñ
kelläme ajaýyp bir pikir geldi: biz seniñ toýuñy ýowar edip sowarys!
Sebäbi seniñ durmuş toýuñ leninçilik ýowar gününe gabat gelýär!
Onda näme, oñ bolsun, dabarañ ugruna çykyber!
– O nähili?! Men nädip üç günde ömürlik bile ýaşaşjak maşgalamy
tanap ýetişeýin? Munuñ üçin wagt gereg-ä!
Larin onuñ hötjetligine geñ galdy:
– Wagt däl, isleg diýsen-e: wezipe edinmäge, adam bolmaga! Onsoñam, sen nä saglygyñy ýerden tapdyñmy? Soñky bazar güni gaty
daş, oña çenli seniñ boljagyñ bolar, işigaýdan! Gowsy edaradaky
adamlar öýli-öýüne dargamankalar, olary toýuña çagyr, eglenseñ,
bujurygy artar.
Ana, onsoñ ol eýýäm işini gutaryp, keýpi kök halda öýlerine dargaşyp barýan adamlaryñ yzyndan ýetip, olary ýeke-ýekeden öýleniş
toýuna çagyrdy. Kimdir biri gelinliginiñ ady bilen gyzyklandy, şonda ol Larinden öz gelinliginiñ adyny soramaly boldy.
– Ine, siziñ ahlagyñyz! – Larin şol gezek çyny bilen käýindi. –
Adyny bilmeýän aýal maşgalañyz bilen ýatyp-turýañyz-da, soñra-da
ýok belalara sataşyp ýörsüñiz!
– Men onuñ adyny eşitdim, ol ir bilenem meniñ dilimiñ ujundady...
285
– Hany diliñi görkez! – Larin oña howsalaly seretdi. – Aç, aç agzyñy! Şeýledirem öýtdüm-le... Sen indiden beýläk meniñ ýanymda
”dilim bar” diýip öwünme, başarsañ ony dişiñ añrysynda sakla, ujydyñdaky simptomlar diliñde-de görnüp ugrapdyr. Toýuñy çaltla!
Üç günden hiç kimiñ ynanmadyk ullakan toýy boldy. Ol jübüsine
elini sokup, zerzawa dönen ujydyny gysymlap, märekäni abraý bilen
sowdy. Paýtagtyñ iñ haý-haýly restoranynda dörän bolçulygy gören
märeke oña irde-giçde uly hormat goýmaly boljakdygyny bu gije
bildi. Ol hem adamlaryñ kesekiniñ hasabyna iýip-içmäni, şatlanmany
gowy görýändiklerini, aýbyñy ýaşyrjak bolsañ, orta pul dökmelidigini gördi. Adamlaryñ öler aşy – dabara. Olaryñ terziniñ üýtgemesi
itden añsat. Saçak başynda onuñ özüni goç ýigit, tötänden tapynan
aýalyny-da – gökdäki Aýyñ bölegi diýip yglan etdiler. Ol şonda Larine gözüni gypdy: ”Gördüñmi, adamlar meni nähili sylaýarlar. Senem muny bilip goý!” Soñra-da ellerini jübüsinden çykarman, bütin
ömrüni adamlara bagş etjekdigini dabaraly yglan etdi.
Adamlar gülşüp dagadylar. Ol diñe ýylgyryp oñdy, gülmäge gyssanmady...
Çola köçeden deñ ýöreşip barýan iki pyýadanyñ bu waka ýadyndady. Ýöne indi geçeni ýatlamak gadagandy, gorkulydy. Şonuñ üçin-de
olaryñ gürrüñi mesawydy.
– Eý, meniñ wepaly wezirim, – uzyn ak köýnekli, başy ýaşyl selleli,
eli gymmatbaha tesbili kişi gürrüñdeşine göwher gaşly ýüzükli tompuk barmagyny çommaltdy.
– Gulak asýaryn, tagsyr Hökümdar.
– Azyýada men hakda näme gep bar?
– Şol öñki gep-gürrüñ, tagsyr Hökümdar.
– Ewropada?
– Näme diýjegiñi biler ýaly däl...
– Göripler...
Wezir kyn ýagdaýda galdy, ol mawy gözlerini ýaşyl öwüsdirip,
ýaýdanjyrady. Aslynda ýaşyl reñk onuñ gözlerinde hergiz aşaklyk
bilen körär durardy, edil mawy ýalnyñ üstüni örtmek üçin oýlanyp
tapylan reñk ýaly...
– Siz dünýä belet, tagsyr Hökümdar, şol köne heññam: ”berenejem
gowy” diýleni.
– Gaznada näçe gyzyl pul bar?
286
– Gazna boşady, tagsyr Hökümdar.
– At ýatakda näçe at bar?
– At ýatak gum-gukluk, tagsyr Hökümdar.
– Nireden tapsañyz tapyñ-da, töwerekdäki agyzly goñşulara ýene
birlaý at ýollañ: ”Iýen agyz uýalar!” Olar meni ýadyndan çykarsalar,
gelşikli däl. Adymy ýatlajak bolup kösenişlerini görmäýin, ýüregim
awamasyn. Biraz gaýrat etsek, ýene gyş geler, onsoñ olar oda gelen
kebelek ýaly ýagty hem ýyly küýsäp, bu ýere ýagyp ugrarlar. Nebitgaz meniñ elimdekä zady gaýgy etme. Elbetde, ejiz hergiz güýçliniñ
oýnuny oýnamaly bolýar, onuñ özbaşyna oýny ýok. Ýöne ol oýny
men bu gün görmeli däl. Häkimiýeti elde saklamak üçin oýunçy
bolmaly, çynçy däl. Gazna biwagt boşapdyr, agzyny ýaglamalymyz
entek bir ýa iki däldi.
– Günä sizde däl, tagsyr Hökümdar, siz dünýäni dolandyrmaga
mynasyp. Emma siziñ geniñiziñ açylmagy üçin ýurt dar bolýar. Ol
siziñ syñraklaryñyzyñ arasyndan akyp gutarjak.
– Meniñ senden ynamdar kimim bar? Men saña diñe ýurdy däl, öz
ýekeje janymy-da ynandym, sen muny gowy bilýäñ. Ýöne at ýatagyñ
boşdugyna men ynanyp biljek däl. Özi gutarmanka, bu halkyñ aty
nädip gutaranmyş? Ýa sen bulary entegem tanañokmy?
– Birje baýtalymyz galdy, ol täze ýyl taý bermeli. Höwürlik birje
garry atymyz galdy, nädeli...
– Munyñ – başga gep. Baýtal gulanlansoñ, atasynyñ geregi ýok,
ony sowgadyñ hasabyna geçiriñ.
– ”Taý ýetim galsa, kürre bilen dost bolar!” Ol taýyñ gylygy kime
çekerkä? Goñşular bedew tanaýandyr, dilleri-de sala gulaç.
– Taý – taý bolanda, oña ata ne derkar? Meselem, men öz atamyñ
suratyny görüp ulaldym, ýöne özüñe çekmäweri...
– Sizçe bolup bilsem, armanym ýok, tagsyr Hökümdar, bir çemçe
ganymy geçiñ...
– Ýeri, bolýar, ”ýañka-ýañkany” goýaly, netijesiz zat. Häkimiýet
dawasynda serişde saýlamak – ýeñilkellelik. Häkimiýeti elde saklamak üçin daşary ýurtlarda meniñ abraýymy götermeli. Nämüçin sen
bu işe baş galdyrañok?
Weziriñ injigi buza döndi, ol öz janyna abanýan gorkyny onki süññi
bilen syzdy. Geçmişden haraý gözledi, göwnüne bolmasa, dek
287
düýnüñ özünde-de dünýä gülala-güllükdi... Emma zamanalar düýpli
üýtgedi, indi oña ätiýaçlylyk hemme zatdan beter gerek.
– Tagsyr Hökümdar, abraýyñyzy halkara derejesinde öñdäki
bäşýyllykda azyndan bäş esse artdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär: dälihanalaryñ, zyndanlaryñ daşyna ak mermer örüp, töwereginde gül ýetişdirýäris. Goñşy döwletlerden iñ gowy gül tohumlary
getirilip, olar bilen bu meselede içgin işleşip başladyk. Bendilere
ýüregi awaýanlara biz akyl jaýlarynyñ daş-töwereginde päk zähmet
çekmäge ähli şertleri döretdik. Halýpamýz aýtmýşlaýýn: ”Zähmet
maýmýndan adam döredipdir”
– Näçe adam?
Wezir aljyrady.
– Sanyny bilmedim.
– Bilmeseñ, öñki halypamyz diý!
– Hawa, elbetde, ozalky... Gezek siziñ abraýyñyza gelende, tagsyr
Hökümdar, men ondan arkaýyn: ol üýtgeýän ululyk däl. Ýöne daşary
ýurtlara çykaryp, onuñ gymmatyny terezä salyp bolmaz. Biziñ halkymyzyñ gözüniñ göreji ýaly görýän milli baýlygyny beýle töwekgel
söwda salmak – ýeñilkelleli bolar. Siziñ at-abraýyñyz – biziñ milli
buýsanjymyz, tagsyr Hökümdar. Milli baýlyk, buýsanç bolsa, ýurduñ
çäginden çykarylmaly däldir... Ol biziñ öz halkymyza ölemen gerek,
biziñ özümize-de ýetenok, üsti tut-da-bas, il siz diýip, gyrgyna beriljek! Onsoñ biz özümize ýetmeýän gyt harydy nädip daşary ýurtlara
çykaraly? Siziñ ugruñyzda halkyñ bagry elek. Bu gün Köşgüñ agzyna daýhanlar üýşüp geldiler, Çary-kitabyñ aýaly-da aralarynda. Olar
siziñ merhemetiñize zar, ”duşuryñ” diýip, hut ýer bagyrtlap ýatyrlar,
ýanlarynda-da – ümbilmez çagajyklary.
– Dileýänleri näme?
– Suw gerek.
– Men saña öñ duýdurypdym, Larin: ýer berseñ, adamlar ”suw!”
diýer, suw berseñ – ýene gör! Indi olar meniñ üstüme çekirtge ýaly
ýagar durarlar! Men olary nädip başymdan sowaýyn?
– Çagajyklarynyñ diliniñ düzelmändigi bahana edineris. Olar siz
hakyndaky goşgularda sakyndylar. Galan iş añsat.
– Çary-kitabyñ aýalynyñ menlik näme işi bar?
– Ol adamsynyñ janyny diläp gelipdir.
288
– Ýagşam bir işini tapypdyr. Meniñ öz janyma-da Tañrynyñ elinde,
şoña-da erkim ýok, onsoñ men nädip iliñ janyny gutaraýyn?
– Ynjalyksyzlanmañ, tagsyr Hökümdar, ol gelniñ sözlem düzüşi
bilen Diller instituty gyzyklanyp ýördi. Ýöne näbileýin-dä, ol dil
öwrenip ýetişäýse, ýürek agyrysy bar diýen ýaly etdiler: ”Il agzy –
keramat”, bir zat eşitseñ, yzy çyn bolýar çykaýýar, käte öz ýüregiñem gyýylýar... Adamsy-da türmede inçekesele ýolugypdyr, belki ol
eýýäm ölübem ýörendir, betbagt maşgala...
– Hawa, öýüñde ölüp, duluñda süýnmezlik – bagtlylyk däl. Sen
meni begendirmediñ, wezir. Agyr hekaýatlary gürrüñ berip, meniñ
ýüregimiñ saryny gaçyrýanyñy bilip goý, ýöne ”Adam wagtyndan öñ
ölüp bilmez!” Men öz halkymyñ bagtyna uzak ýaşamaly. Hany meniñ ýürek dermanym? – ol weziriñ uzyn ak köýneginiñ jübüsine elini
sokup, öz dermanyny aldy-da, naşyja çüýşejigiñ agzyny açdy, barmagyñ başy ýaly tegelejik dermany agzyna atyp goýberdi. – Eger,
walla, şunça ýyllap jogapkärli wezipelerde işlesem-de, dermany gury
ýuwutmany öwrenmän geçdim. Hany, bu ýurtda çem gelen gapa
sowlup, bir käse suw dilejek gümanyñ barmy, töwerek-daşyñ gahatçylyk, haçan bu lellimler başyny çarajak – Alla bilýär. Bular,
berseñ – aljak, ursañ – öljek. Mensiz biri gününi görüp biläýse nädersiñ, halalyñyz bolaýyn! Beýle-de bir nalajedeýin millet bolar ekeni, men döremedik bolsam nätjekdilerkä? Ysnatlar... Onsoñ töweregiñe at paýlamabilseñ – paýlama, hany göreýin, janyñy nädip saklajak?! Käşgi, iliñki ýaly ”sen dur, men öleýin!” edenli halkyñ bolsa.
Ýok, men bulardan ýanan-la, gowusy meni gepletme. Ertiriñ özünde
ýañky bedewiñ suratyny aldyr-da, gäp ýasat, ol maña gerek boljak.
Gäp däl, bedewiñ özi. Gäbi taýçanagyna goýuñ, tapawudyny bilip
durasy ýok-la, taýçanakdyr-da...
– Diýseñizem-ä, tohum atdandyr...
– Bolanda nä, ol siziñ gäbi ýasap bilşiñize bagly. Çynaberimsiz
etseñiz, nädersiñ özi sowgada ýaraýança nämäniñ nämedigini añman
geçäýse! Çapmagy öwredeñizde, meýdanda gäbi onuñ ýanyndan
sürüñ. Serediñ, ýöne gaty çapdyryp, daljykdyryp öldüräýmäñ.
– Taýymy?
– Ýok, gäbi. Taý şoña görä bolar. Yñdarma tohumdyr. Indikide
baýtaly höwre goýjak bolanyñyzda, öñürti pikirleniñ, onsoñ goýuñ.
– Haýsy ata?
289
– Kimiñ haýsy at münüp geljegini men näbileýin? Kim gelse – şonuñka goýarsyñyz, nesibe işidir, belki iki-ýeke tohum at-da gabat
geler? Onsoñ ýylda bir taýy – Hudaýyñ berdigi bil, özem çöpdüýbi.
Alhamdil-küh...
Tagsyr Hökümdar gymmatbaha tesbisini şygyrdadyp, ellerini eñegine ýetirdi. Weziriñ bükülgi barmaklary döşünde haç ýasady.
– Dogrusyny aýtsam, men bu zatlaryñ soñy bardyr öýdüp çekinmänem duramok.
– Eý, meniñ wepaly wezirim, ýadyñda sakla: hergiz jenaýat edenden däl-de, ony geregiçe edip bilmedikden hasap soraýandyrlar. Taý
ýetişýänçä, töwerekdäki hökümdarlara meniñ ýazyjylarymyñ kitaplaryndan iberiñ, goý, okasynlar, şonda olar meniñ barja baýlygymyñ
dört aýakly mal däldigini bilerler. Goý, olar meniñ esasy baýlygymyñ halkymdygyny berk belläp goýsunlar!
Weziriñ gözlerindäki alawlaýan mawy ýalyn ýaşyl örtgüniñ astyndan gysga wagtlyk jyklap, ýene-de yzyna gizlendi.
– Tagsyr Hökümdar, gabadymyzdan agyr ys gelýär, sowlup jynazasyny çykyp gitmesek bolmaz, bu ys bunde-düýnde öleniñkä meñzänok, öz eliñ bilen kepenini biçmeseñ, hossarlary garaşyp oturandyrlar. Howada yssy.
– Eý, Alla! Göreniñ-eşideniñ ýaman, bun göreniñ erte ýok diýlen
dünýä. Hernä gulak eşidenini göz görmesin, göz göreni – başa gelmesin! Bir kişilik kepen!
Alagarañky köçede tagsyr Hökümdaryñ yzyna eli kagyz-galamly
garama-garama düşüp gelýän Köşk şahyry goltugyndaky düýrmek ak
matadan bir kişilik kepen kesdi. Soñra tagsyr Hökümdar ýanyndakylary yzyna tirkäp howla girdi-de, öten bendäni ýuwup-ardyp, kepene
dolap, ediljek gömäýmeli edip goýdy.
– Ertir öwlüýä hoş geldiñiz!
Tagsyr Hökümdar Köşk şahyrynyñ indiki kitabyna ýeterlik aýak
tozuny eçilip, aşa salykatlylyk bilen ýene-de öñe ýöredi. Onuñ uzyn
hajy köýnek-balagy çyrasyz köçelerde hamana gonamçylygyñ ak
baýdagy ýaly hol öñden akjaryp barýardy. Hyrly Durgur señkildäp
barşyna köçäniñ gyrasynda kä ýerde-kä ýerde kibtini gysyp oturan
agaçlaryñ düýbünde aýak çekip, olary gujaklap ogşaşdyrýardy, gözünden gury ýaş döküp, birnäçe ajaýyp setiri zerli depderine çyrşap
290
geçýärdi. Hökümdar öñe ýörände şahyr-da ondan galanokdy, yzyny
eýgerýärdi. Ol edil türkmen iti kimin öz eýesine wepalydy.
– Bu barýanymyz haýsy köçe? – birnäçe köçe geçensoñlar tagsyr
Hökümdar wezirinden sorady.
– Bu köçe siziñ adyñyzy göterýär, tagsyr Hökümdar.
Ýene bir meýdan ýörediler, tagsyr Hökümdar ýene sorady:
– Hany, aýt, indi biz haýsy köçeden ýöräp barýarys?
– Bu köçe-de siziñ adyñyzy göterýär, tagsyr Hökümdar.
– Bu meniñ göwnüme ýakanok. Daşary ýurtlar näme diýer? Ol
ýerde meniñ dostlarym kän, men olaryñ dilini gysga edip bilmerin!
Onsoñam, ýurduñ ähli köçeleri atdaş bolsa, men azaşmanmy? Ýeke
özüm gezmäge çyksam, nädip başymy çaramaly? Yzyma taksi tutup
gaýdaýynmy? Bu işi edenler meni öz ýurdumda yzymy tapmaz ýaly
etjek bolýandyrlar. Nämüçin köçeler garañky, çyralar ýananok?
– Tagsyr Hökümdar, köçeler siziñ adyñyzdan ýagtylýar… – wezir
alagarañkylyga gülümsiredi. – Belki, çyralaryñ şöhlesi biraz garañkydyr… Bu düzgüni üýtgedip bolmaz. Bütin halk siziñ adyñyzdaky
köçelerde ýaşamak isleýär. Bu meseläni çözmek Mejlisiñ işi. Mejlis
size berk garşylyk görkezer, deputatlara gep düşündirmek kyn, olaryñ öz – diýeni, öz – aýdany.
Tagsyr Hökümdar uludan demini aldy:
– Ýurt üýtgeýär. Bir zamanlar diýenim geçerdi, indi ýurdy imisala
dolandyrmak kyn. Mejlis halys elden-aýakdan çykdy. Diýeniñ ýer
kertenok. Bu zatlaryñ hemmesiniñ masgaraçylygy-da syrylyp gelip,
kimiñ boýnuna düşýär – meniñ! Mejlisiñ başlygynyñ ýakasyna ertiriñ özünde ýene-de bir orden dakmaly bolaryn, nejisler! Hiç kesiñ
jogapkärçiligi deñ bölüşesi gelenok. Men bu halka oturyp-oturyp
haýran galýaryn. Nämüçin biziñ ýurdumyzda demokratiýa ýok? Nämüçin biz hukuk döwletini gurup bilemzok? Nämüçin adamlar kemsidilýär? Olar bu ýurtda itçe görlenok. Eýsem, biziñ esasy baýlygymyz adamlar dälmi näme? Olaryñ duýgy-düşünjeleri, işleri-güýçleri,
adamçylygy, görki-görmegi! Ine, biziñ baýlygymyz! Emma, haýp,
bu gymmatlyklar bizde äsgerilenok, gadyry-da bilnenok, irde-giçde
äsgeriljegi-de belli däl, meniñ ol zatlary görüp ýetişmejegim hak.
Eýsem biziñ yzagalaklygymyzyñ, ykdysady çökgünligimiziñ düýp
sebäbi şu dälmi näme? Ýöne, hany, bar-da gepiñi düşündir-dä, göreýin, kime düşündirýän bolsañ! Bu zatlaryñ üstüni men açmasam,
291
açjak ýok. Ýöne nämüçin hemme zady men aýtmaly, nämüçin özgeler däl? Eger halkyñ özi bu hakda gürrüñ gozgamaýan bolsa, onda
olara hiç zat gerek däldir. Men olaryñ boýnundan ýat gymmatlyklary
dakyp, sütemkär adyna galyp bilmen. Diýmek döwri gelen däldir,
halk ol derejä ýeten däldir, ruhy garypdyr, özüne ynamy ýokdur. Bu
hut şeýledir. Ýogsam, olar eýýäm süssenekleşip, meniñ üstüme eñip
gelerdiler. Men rahat oturan bolsam – diýmek, hemmesi düşnükli.
Günä ilde. ”Her halkyñ özüne mýnasýp häkimi bar” diýenler hak
aýdýpdýrlar. Men ot bolanýmda niräni ýakaýýn?! Bu köçäñ ady
näme?
– Ozal bu köçe siziñ atañyzyñ adynady. Düýn Gaşlak telewizorda
çykyş edip, ony eneñiziñ adyna geçirmegi teklip etdi. Ýöne ýaşaýjylaryñ özi bu pikire öñräk gelen ekeni, Gaşlak gürrüñini gutarmanka,
ýaşaýyjylaryñ köpüsi jaýlaryna eneñiziñ ady ýazlan tagtajyklary
kakyp ýetişdiler.
– Galanlary näme?
– Dañ atansoñ kakanlaryñky hasap edilmedi, bu eýýäm başgaça
pikirlenmek bolýar.
– Eý, Tañrym, ine saña ýene bir giden pida! Menden razy bol! Ah,
men elmydam ejiziñ arkasynda. Ilkibaşdan. Ejemi kakamdan ileri
tutýanym nämedendir öýdýäñiz? Ejem pahyr kakamy halamazdy,
”öýdeçil, gümbaş” diýerdi, ejem il gezmäni gowy görerdi. Onuñ öler
aşy köçedi. Ol maña: ”Oglum, bu köçeleriñ niçik hezildigini, olaryñ
meniñ ýüregimi gozgaýyşyny bir bilsediñ!” diýerdi. Belki, bu köçeler ejemjanyñ ýeñiljek aýak sesini entegem ýadyndan çykaran däldirler, ah, mukaddes Gursoltan, ýurduñ köçeleri sensiz gugaryp ýatyr!
Neneñ men gum-guklugy ýigrenmäýin?!
Olar ýolaýyrtdan öwrülip, goñşy köçä düşen ýerlerinde iki sany
ýakalaşyp duran oglanjygyñ üstünden bardylar. Olara durup tomaşa
etdiler. Oglanjyklaryñ ekabyry kiçisini aldygyna ýumruklaýardy,
kiçisi zordan ýüzüni sowup ýetişýärdi.
– Sen näme üçin ony beýle ýençýäñ? – ahyrsoñunda bol köýnekli
tagsyr Hökümdar, özüni tanatmazdan, ekabyr oglanjykdan sorady.
– Bu jenap ýoldaş Prezidentiñ syýasatyna garşy gidýär, ony äsgerenok, men muny tä aklyna aýlanýança urjak.
– Belki, onuñ erbet göreldesi bardyr? – diýip, wezir oglanjygyñ
arkasyny tutdy. – Kakañ ady näme? Ejeñiz barmy?
292
– Bar, ýöne olaryñ bizi terbiýelemäge elleri degenok, olar biziñ
garabokurdagymyzyñ ugrunda, biz biri birimizi terbiýeleýäris, düýn
uly agam meni tä akylyma aýlanýançam ýençdi, bu gün meniñ gezegim: öz düşünen zadymy inime düşündirmeli.
– Mundan kiçi iniñizem barmy?
– Muñ ady Ataş, onnoñ Çary, onnoñ Bäşim, Altymyrat, onnoñ...
– Boldy-boldy, sen akyllyja oglan ekeniñ, me saña kemput, ýöne
bijaý ýerine urmajak bol, bu ýurtda owalam maýyp ýeterlik, bize
sagdyn adamlar gerek, hassajugy biz başymyza ýapalymy? Biri biriñize agyr ten ýarasyny salman ýençmäni öwreniñ. Ertir men siziñ
maşgalañyza ”Paýhaslar” kitabymy hem ýumşak simden örülen dürre
ibererin, beden jezasyny nädip dogry ulanmalydygy barada onda
ýörite bölüm bardyr, şondan öwreniñ, hany onda pak ber?- tagsyr
Hökümdar urulýan oglanjygyñ satanynyñ arasyna elini serdi. – ”Pak
ber!” diýdim men saña, bokjagaz!
Oglanjyk jüllüjegine elini ýetirdi-de, näler ikirjiñläp, bol köýnekli
nätanyşyñ aýasyna elini golaýlatdy.
– Daýy, men eýýäm öten ýyl sünnete ýatdym-a, meñ pakym ýok...
– Bolmasa, seni ýene-de bir gezek sünnete ýatyraýarys! – tagsyr
Hökümdar gara gijäni gorka salyp, ha-ha-haýlap güldi. – Ýogsa-da,
urar ýaly bu näme günä etdi, aýtmadyñ-la?
– Ol eşeklere gün berenok, saýgylap ýör, ”Nämüçin beýdýäñ?”
diýseñem gülýär, onnoñ bizem munuñ bolşundan gorkýas, birden
kimdir biri bu ýagdaýy Köşge habar beräýse, biziñ işimiz gaýtmazmy? Onsuzam kakam işsiz, ejem öýdeçi, biz aç, uly gorkymyz ölüm.
– Ýeri, eşegi uranda näme? – tagsyr Hökümdar haýranlar galdy. –
Goý, özüne haýpy gelmese, eli agyrýança ursun?
– Ýok, ýok! – diýip, oglanjyk garañkynyñ içinde üstüne abanyp
duran adama aşakdan ýokaryk dikanlady, – bu wagt akyly bolan
adam eşege degmez. Hudaý saklasyn, birdenkä ol tüýsüni üýtgedip,
iliñ içine diñ salyp ýören hökümet adamsy bolup çykaýsa nätjek?!
Kakam pahyr: ”Haýsy haýwanyñ nä wezipede oturanyny biler ýaly
döwür boldumy?!” diýerdi.
– Kakañ dünýäden ötdümi?
– Hawa diýseñem boljak, ýok diýseñem...
– O nähili?!
293
– Ol diri. Ýöne özi: ”Men öli” diýýär. ”Çagasyny ekläp bilmedik
diri däldir” diýýär.
Oglanjygyñ şondan soñky gürrüñini diñlemäge tagsyr Hökümdaryñ
höwesi gaçdy, ol ”hm-m...” etdi, aýasyndaky paky agzyna atman,
hajy köýnegine süpürdi-de, ýüzüni ajy sortduryp, añrylygyna ýöredi:
”Düşnükli, bu şol bozgaklardan...” Tagsyr Hökümdaryñ oglanjygyñ
ykbalyna gyzygynyñ gaçandygyny onuñ yzyndan gelýän janpenalar
derrew duýdular, şonuñ üçinem oglanjyk gijäniñ içinde suwly salma
ýykyldy; ýap-ýañyja kötek iýip durka aglamadyk inisi erbetligi ýüregi syzyp, wägirip aglady, salmanyñ içinde sulugyp ýatan agasynyñ
üstüne egildi, iñ yzdan haýal ýöräp gelýän iñ soñky janpena lägirýän
oglanjygyñ deñine gelende:
– Hüş-ş! – edip, barmagyny agzyna ýetirdi. – Aglama, daýyñ başy
kel bolar!
Daýysynyñ başyndan gorkan oglanjyk sesini tapba kesdi. Janpena
ýylgyryp, ýoluna gitdi. Indiki öwrümde bularyñ öñünden eli kündükli, goltugy namazlykly Musa çykdy. Tagsyr Hökümdar alagarañky
köçede ýassy namazyna durdy.
– Allahyekber! Allahyekber! Allahyekber! Allahyekber!
Wezir bilen Musa-da onuñ yzyndan namaza durdular. Namaz okap
bolansoñlar tagsyr Hökümdar namazlygyñ üstünden düşmän, mesawy gürrüñ gozgady.
– Musa, seniñ pikiriñçe, ýurdy düzetmek üçin nämeler etmeli? Isleseñ, jogap bermänem bilersiñ, men senden gaty görmen, ýöne sen
ösmeli, men seni öz ýanyma ýöne ýerden almadym, meniñ garamagymda işlemek üçin gerek zatlaryñ hemmesi sende bar, ikimiz düşünişdik, sen meñ kimdigimi bilýäñ, menem – señ, şeýle dälmi, Musa?
Musa zagyrdady, ol edil kerebe düşen siñek ýaly urundy.
– Tagsyr Hökümdar, men entek öz ömrümde Siziñ kimin adalatly,
Siziñ kimin parasatly adam göremok!
– Siz meniñ şahyrlarymyñ bir döwüm çöregini elinden aljak bolmañ. Geliñ, kyssa bilen düşünişeliñ!
Musa haýsydyr bir täsirli sahnany ýerine ýetirýän ussat aktýor
deýin tagsyr Hökümdaryñ çat mañlaýynda ellerini döşünde goýup,
iki bükülip, doñup galdy.
– Ýok! – Tagsyr Hökümdar birdenkä edip oturan gürrüñini şarpa
ýoldy-da, namazlygyñ üstünden towsup turdy. – Eger men aja nan,
294
ýalañaja don berip bilmesem, meniñ men boldugym däl! Hany, öñüme düşüñ-de, maña ýañkyja oglanjyklaryñ öýüni görkeziñ! Men ol
maşgala ak ýürekden kömek etjek, öz halal aýlygymdan! – köçeköçe aýlanyp, gijäniñ bir wagty tagsyr Hökümdar garañky köçede
ýañky oglanjyklaryñ öýüni tapdy, gapylaryndan girdi. – Men siziñ
tagsyr Hökümdaryñyz, siz meni tanadyñyzmy?
Howlynyñ içindäkiler gyrgy gören serçe kibi dyr-pytrak boldular,
emma tagsyr Hökümdar wezire garşy öwrülip, eginlerini gysýança
janpenalary bu öýdäkileri onuñ çat mañlaýynda dikdiler.
– Uýam – diýip, tagsyr Hökümdar ebti agyk aýalyñ bilinden gujaklady, – basym biziñ hemme zadymyz bol bolar, çydañ, men size häzirlikçe öz aýlygymdan iki halta un, bir gap gök çaý, bir tokga-da kir
sabyn berýän. Muny siz, isleseñiz, hüşür-zekat diýip, isleseñiz-de öz
tagsyr Hökümdaryñyzdan sýurpriz, ýagny garaşylmadyk sowgat
diýip hasap edip bilersiñiz. Utanmañ uýam, meni göreniñizde utanjyñyzy düýbünden taşlañ, onuñ geregi ýok... Hany un bilen çaý?!
Getiriñ, beriñ bulara! Uýam, tiz wagtdan siz meniñ garaşsyzlygymyñ
hözürini görersiñiz, ýöne ogluñyza buýruñ! – aýal gijäniñ içinde
howlynyñ gapysyndan salnan iki halta uny görüp, tagsyr Hökümdaryñ öñünde guma çökdi, oña alkyş aýtdy, soñam beýle ýanynda agaç
sekiniñ üstünde sulugyp ýatan ogluna gahar-gazap bilen topuldy. –
Uýam – diýip, tagsyr Hökümdar ony saklady – degmäñ, goý, ol entek özüne gelsin! Ol tamkepbäniñ añrysyndan bärik jyklap duran
gulakjynly erkek kim? Äriñizmi? Uýam, men gije-gündiz diñe siziñ
aladañyz bilen ýaşaýaryn, men gijesine ýatmamy-da goýdum, a siz
ýatýañyzmy?
– Hawa… – aýal aglady, – biz ýatýas, başga näme iş edeli? Biziñ
ömrümiziñ manysy – ant-kasamda. Şony bize bereniñ ömri uzak
bolsun, biz ony suw deregine içýäs! Derman deregine-de. Çagajyklarymyza-da içirýäris. Gün yrman. Aýu, kakasy! çagalar! Geleweriñ,
agşamkymyzy içeliñ!
Maşgala şol demde gapa ýygnandy-da, hor bolup, ant içdi
Eziz Çölüstanym – ata Watanym,
Gurban bolsun saña bu janym-tenim!
Eger-de men saña tötänden şek ýetirsem,
goý, meniñ elim gurasyn!
Eger-de men saña dil ýetirsem,
295
goý, meniñ dilim gurasyn!
Eger-de men öz Çölüstan Watanyma
Jenap ýoldaş Prezidentime äwüp-säwüp
dönüklik etsem,
Goý, meniñ ömrüm kül bolsun!
Hajynyñ eşigindäki tagsyr Hökümdar maşgalanyñ sesine guwanyp,
olara bu aýdymjygy kän gaýtalatdy. Çagajyklar kemput paýlaryny
alyp, üçünji gezegem kasama başladylar. Ýöne bu wagt tagsyr Hökümdar eýýäm köçeden ýöräp barýardy.
Bu wagt gije ýarymdan agyp, aladaly gygyryşýan horazlaryñ sesini
basyp, gapdaldaky jaýlaryñ birinden adaja goh eşidildi, bu eşidilýän,
megerem, ýaş oglanlaryñ sesidi. Tagsyr Hökümdar öz adamlary bilen
ýoldan sowlup, aýnadan içerik yşyklady, içerde kart oýnaýardylar.
Tagsyr Hökümdar, weziri hem Musa howla sowlup, karta goşuldular.
Täze gelenleriñ orta oklanynyñ şykyrdaşyp duran iri pullardygyny
gören kartkeşler hakyky oýunçylaryñ gelendigini soraman bildiler
we süýşüşip, olara aralaryndan ýer berdiler. Oýunyñ ulusy onsoñ
başlandy, ortadaky goýum gitdigiçe ýokary galdy, tozan gyra çekildi,
içinde mellegini orta goýanam tapyldy, ýöne nätseler-de, ýurduñ
aýagyny kesen kartkeşleriñki bu gün paşmady: hajy lybaslylaryñ eli
ýalaw ýalydy, orta bir zat düşse, kakyp otyrdylar. Ahyry ymgyr gijäniñ başy aýlananda, olar kartkeşleri jüllük-göten goýup, salykatlylyk
bilen öýden çykdylar.
– Bu günlükçe gezelenji bes edäýeliñ – tagsyr Hökümdar hajynyñ giñiş balagynyñ kisesine daşary ýurt pullaryny gysymgysym dykalap durşuna ýadaw, emma göwnühoş seslendi,
raýatlarym-da ýatyşyberdi. Ýok, men öz işimden müñde bir
razy, eger walla, razy! Şundan gowy işi men başyma ýapaýynmy?!
296
15. Belli köçedäki näbelli jaý
Bu ýurtda adamlaryñ iş dannawy ýokdy, näme tabşyrylsa, şoña-da
hoşaldy. Islegli işini gözlemek hiç kesiñ kellesine-de gelenokdy,
näme iş buýrulsa, şol hem isleglidi. Goñşyñ kimdigini bilmegiñ kyn
bolşy ýaly, goñşy jaýda näme iş edilýändigini bilmek-de çetindi.
Şonuñ üçinem paýtagtyñ orta gürpündäki jaýda kimiñ näme işleýändigini bilýän ýokdy. Ol ýerden çykýan sesleri eşidýänler nähili edaranyñ deñinden geçip barýandyklaryna düşünip bilenokdylar; sesler
üýtgeşikdi: bir-de möjek uwlaýan, bir-de – düýe bagyrýan ýaly;
adamynyñka meñzeş seslerem az däl, ýöne gülkümi ýa agymy – bilip
bolanok. Jaýyñ gapysynda ne bir göze görnüp duran ýazgy bar, ne-de
yşarat, gapysynyñ näwagt açylyp-ýapylýanyny-da biljek gümanyñ
ýok, onuñ gapysy asla açylyp-ýapylýana-da meñzänok, berk. Ýogsam, ol jaýyñ daşy ”guş uçmaz” howluly-da däl, daşyndaky haýat
diñe ýarpy-ýalta aýlanan, ýagny ýoldan sowlagada on-onbäş ädim
ýöreseñ, howlynyñ içine päsgelsiz girip bolýar, onsoñ ýene biraz
ýöräp, sagyña aýlansañ – jaýyñ girelgesine mañlaýyñ direljek, ýöne
muny edýän ýok; adamlar köçeden baryşlaryna, nämüçindir, ýoldan
sowulman, hatda bu jaýa gönüläp seretmän, onuñ niçik jaýdygyny,
gapysynda ýazgy barmy-ýokmy, bar bolsa, onuñ manysy näme –
biljek bolýarlar; onsoñ ötegçiler bu öýüñ ne reñkini belli edip bilýärler, ne-de beýikligini; onuñ reñkine çal diýýän-de bar, sary diýýände, kä adamlar bu öýi goñurdyr öýdýär, ýene birleri – zäher tagamly
ýaşyl; ol öýüñ asla hiç hili reñki ýok, ol düýbünden reñksiz diýýänler-de tapylýar; bu näbelliligiñ düýp sebäbi onuñ daşky reñkiniñ
ýylyñ paslyna görä üýtgäp durmasyndan diýen çaklama-da ýok däl;
ýok, ol jaýyñ reñki adamynyñ öz gözüniñ reñkine görä üýtgäp dur
diýýänler-de bar; garaz, başyñ çaşmabilse – çaşmasyn, giden bir
matal, düşnüksizlik.
Onsoñ bu jaýyñ boýy barasyndaky jedeliñ-de şondan pes bolmajagy
öz-özünden düşnükli bolsa gerek? Adamlar hamana san sanamak
ukybyny ýitiren ýaly bu jaýyñ näçe gatdan ybaratdygyny asyl belli
edip bilenoklar, ýurduñ içindäki gürrüñlere gulak gabartsañ, onuñ
näçe gatdygyny biljek gümanyñ ýok: ol bir görseñ – bir gat, ýene bir
297
görseñ – on bir gat; näçe diýlende-de, geñ görerlik däl, her kes öz
gözüniñ kesenini diýýär, anygyny bilýäni gözlemeli, onam tapsañ
diý; kän adamynyñ gepini di~ledigiñçe-de, beter aljyraýarsyñ: ol
öýüñ reñkini belli edip bilmeýişleri ýaly, adamlar onuñ näçe gatdygyny-da kesgitläp bilenoklar; jaýyñ töweregi agaçsyz däl, ýöne –
onuñ näçe gatdygyny bilmez ýaly – halys tokaýa basyrynybam oturan däl, pür-pudaksyz bäşlek-üçlek kel agaç. Ýöne howsalaly ”hyşywyşydan” dykyn alan kellesini egninde çalamydar göterip, onuñ
deñinden geçip barýan ötegçileriñ gözleri ümezläp, bu syrly jaýyñ
gatlaryny adam şekilli sanap biläýse nädersiñ?! Gabat garşysyndan
ötüp barýan-da bolsa, hamana çakrym ýoldan görjek bolýan dek,
adamlar öz-özüni bulaşdyrmak bilen: aşakdan ýokaryk, ýokardan
aşak telim öwre sanan ýalydyr, emma deñinden geçen ýerinde, onuñ
näçe gatdygyny sora – agzyna suw alan ýalydyr, gözlerini balkyldadar durubiýr; haraý gözläp, töweregine sereder, sorag salmaga adam
agtarýany bes-bellidir; reñkini, gatynyñ sanyny görüp ýetişmedik
adamynyñ ol jaýy görendigine nädip ynansa bor? ötegçileriñ özleride galaba muña şübhelenýärler: ”görenim şol jaýmyka?” diýýärler.
Gepiñ keltesi, ol jaýyñ deñinden geçende adamlar kesekden edilen
binany däl-de, eýsem öz gorkusynyñ gabarasyny görüp geçýärler.
Onsoñ her kimiñ gat hasaby başga hili: bu hasabyñ jaýyñ gatlary
bilen ne işi?!
Içiñi ýakaýyn diýen ýaly bu jaýyñ gapysynda hiç hili ýazgy-da ýok;
haýsydyr bir ýazgynyñ haçandyr bir wagt bolandygyny äşgär edýän
solgun tegmiliñ gapynyñ reñkiniñ üstünde galan dörtgyrañ yzy hälihäzire çenli belli bolup dursa-da, ol ýerde näme ýazgynyñ bolandygyny ýurduñ paýtagtynyñ iñ gojalarydyr gözleri kütelişip, añy haýallan kempirleri-de açyk aýdyp bilenoklar; ýöne olaryñ öz janlaryndan
gorkup, syr saklaýan bolmagy-da ahmaldyr: jan kime gerek – garra
gerek! öññe wagt eñeklerine jañ dakylan ýalydyr, ýöne bu meselä
gelende, demleri çykmaz. Dikanlap soraýanyñda-da: ”Ýazgy bardy
diýip, könelerdenem eşitmändik” diýişerler. Ana, onsoñ reñki, gatynyñ sany, dogrusyny aýtsañ, ýerleşen ýeri-de anyk bilinmeýän bu
jaýyñ deñinde kimdir biri dereksiz ýitse, ony nädip geñ görjek? Aslynda bu jaýyñ deñesinden arkaýyn geçmek endigi hiç kimde ýok,
sebäbi paýtagtyñ orta gürpünde adamlaryñ biwagt-näwagt gürümjürüm bolýandygyndan çen tutsañ, olaryñ içinde bu jaýyñ reñkini,
298
gat sanyny, gapysyndaky ýazgyny okap ýetişenleriñde bolmagynyñ
ähtimaldygyny güman etse bolar; bu jaýyñ başga ýerde däl-de,
eýsem hut şol güman edilýän ýerde, ýagny paýtagtyñ orta gürpünde,
iñ şagalañly köçäniñ ugrunda ýerleşýändigine mundan ynandyryjy
delili nireden aljak?
Elbetde, adam garradygyça jany süýjeýär, töwekgelçilikden daş
durýar, töwekgelligi etse, ýaşlar eder, duzaga düşjegem şolar; edil
şonuñ kimin ýaş oglanlaryñ biri bilesigelijilikden ýaña köçeme-köçe
syryp ýören daşary ýurt habarçylarynyñ birine bu jaýyñ gapysynda
ýap-ýañylar hem ”Metbugat öýi” diýen ýaly bir ýazgynyñ bolandygyny aýdypdyr, soñra-da öz aýdanyna özi ikirjiñlenipdir: ”Bu ýerde
”Derikellebaşaýak” ýa-da ”Diller instituty” diýen ýaly bir ýazgy
bolan bolmagy-da ahmal, onsoñam siz bir zada üns beriñ, ”Metbugat
öýi” diýseñ, bu taýyk gelişmese gerek, ýuwan geler, ýöne ”Diller
instituty” sözi bilen ”Derikellebaşaýak” sözüniñ ýerini erkin çalşyrsa
bolar, şonuñ üçinem bu gapydaky ýazgy şol sözleriñ haýsy-da bolsa,
biri bolandyr. Çet ýurtly şondan soñ bu köçelerde ol ýaş ýigide
gaýdyp duşmandyr, beýleki köçelerde-de ony gören ýok, ýöne onuñ
beren düşündirişi gelmişegiñ göwnüne jüñk bolupdyr. Ol muny öz
depderçesinde bellän ekeni; dynçlyk ýurtda tötänden it dalap öldüren
betbagt çet ýurtly habarçynyñ ýazgy depderçesinden bu ýazgyny
okanda, jenap ýoldaş Prezidentiñ oña haýpy gelmekden ýaña gözünden boýur-boýur ýaş dökendigi dogruda il arasynda gürrüñ ýatanok;
eger-de jenap ýoldaş Prezident bu meselede öz wagtynda metbugatkonferensiýasyny geçirip, gynanjyny dünýä ýaýmadyk bolsa, kim
bilýär ýurduñ daşarysynda bu betbagt hadysany, gör, nämä ýorardylar? Emma jenap ýoldaş Prezident her bir zatda bolşy dek bu işde-de
iki pikire ýol goýmady, hemme zady çöp döwlen ýaly etdi oturyberdi: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Deñesinden geçmäge gorkulýan ýa-da deñesinden gorkup geçilýän jaý hakynda-da ol bir
agyz: ”Milletimiziñ ruhy sagdynlygyny zerur derejesinde saklarys”
diýdi, gürrüñ gutardy. Garañky gatlyşansoñ setanda-seýranda bu
ýerden ýalñyşyp, azaşyp-tozaşyp ýoly düşenleriñ ýakalaryny towlap
gürrüñ bermegine görä, bu jaýyñ täsinligi şundan ybaratmyş, ýagny
üç gat jaýyñ iñ ýokarysyndan köçä ýiti ýagty düşýärmiş, ol ýerden
her hili çykyşlar, kasamlar hem öwgüler eşidilýärmiş, özem her sözde jenap ýoldaş Prezidentiñ ady tutulýarmyş, ýagny onuñ müñ bir
299
adyndan haýsy-da bolsa biri; aýtmaklaryna görä, bu jaýyñ içindäkileriñ sesinden çen tutsañ, onda olaryñ gylla ýary aklyndan azaşan garry-gurtulardyr pensionerler, galany bolsa, ýaş ýigitler bolmalydy;
ikinji gatdan tamdyranyñ owazy, aýdym ýa-da labyzly goşgy okamak diýen ýaly zatlar eşidilýärmiş, aslynda goşgy-gazalyñ iñ ýokarky gatdan hem eşidilýändigini güman edýänler bar; aşaky gatyñ çyrasy hemişe öçük, ol taýda kim bar, kim ýok, biljek gümanyñ ýok,
ümsümligiñ içinde käte bir şübheli sesleriñ gulaga degýändigi hakmyş, ýöne olaryñ hiç biri oña näme diýjegini bilip bilenok, ol ýerden
hem goşgy, hem aýdym, hem saz eşidilýärmiş, ýöne hemmesi gümürtik hem garym-gatym, agy gatyşykly, megerem, bu taýda ýokarky gatlarda aýagy ýer tutmadyklar ýerleşýändir? Şol jaýyñ edil deñesinden ötüp barýarkañ aýagyñ aşagyndan gelýän ahy-nala hem iññildi hakynda bir adamdan-da açyk gep alyp bilmersiñ; hiç kes bu barada dil ýarmaz; diñe il ýatyp, it uklansoñ, iñ ýürekli adamlar başy
bilen ýorgana bukulyp, öz aýallaryna bu hakda gürrüñ berýärmişler,
olam başdaşy bolsa; iñ aşaky gatda gaýdyp ýagty jahany görmek
gadagan edilenleriñ saklanýandygyny güman edýänler hergiz özlerinden gorkýarlar, ol ýerde partiýanyñ weteranlary saklanylýarmyş,
partiýany guran özleri bolansoñ, olar köp bilýärler, şol sebäpden-de,
soñky ösdürimler olary ýerzeminde berk saklamasalar, onda partiýada hiç hili öñegidişlik mümkin dälmiş, yzagaýdyşlygam; olara galsa,
asyl partiýany bir duran ýerinden butnatjagam dälmişler, hatda partiýanyñ adyny üýtgetmäge-de ýol berjek däller; ýöne indi partiýanyñ
köne adynyñ müddeti gutardy, bundan beýläk ýaşaýyşyny üpjün
etmek üçin onuñ adyny üýtgetmeseñ, gitjek ýeriñ ýok. Jenap ýoldaş
Prezidentiñ bu taglymatyny tüýs ýürekden söýmedikleriñ näçe müñüsiniñ jaýyñ iñ aşaky gatyna ýerleşendigi bilen gyzyklanjaklaryñ
hemmesi bu gatyñ özünde bolaýmasa, başga ýerde, şäheriñ köçelerinde, bazarlarda ýa-da kiçijek hususy dükanlarda olar gabat gelenoklar. Umuman, ýolda-yzda gabat gelmeýän adamlaryñ öz öýünden
girip çykmaýanlarynyñ hemmesiniñ-de bu jaýda bolmagy ahmal,
olar ýogsam nirede bolsunlar?
Belli köçedäki bu näbelli jaýdan gorky ýetjek derejesine ýetip, daşary ýurtlarda bu barada nähilidir bir düşünjäniñ ýaýramak howpy
emele gelende, Larin jenap ýoldaş Prezidente mylaýymlyk bilen
duýdurdy. Onsoñ jenap ýoldaş Prezident çet ýurtly habarçylary çaýa
300
çagyryp, olar bilen metbugat-konferensiýasyny geçirmeli diýen karara geldi.
– Ýok – diýip, Larin ýylgyrdy, – olary metbugat-konferensiýasyna
çagyryp, ak ýürekden çaý bermeli...
– Bu ikisiniñ tapawudy näme? – diýip, Köşgüñ eýesi, belki-de,
ömründe ilkinji gezek çyndan haýran galdy.
– Sammyjak... – diýip, Larin oña mähirli garady. – Biz Gündogar
demokratiýasyny gurýarys ahbetin, inçeräk bol. Günbatarlylar agygarany seljerýärler. Olary öz-özleri bilen jedelleşdirmeli. Onsoñam
olar agzyna salanyny yzyna çykarmagy halanoklar, ýuwudanyny-ha
– asyl-da. Hemme zat sypaýy bolmaly. Onda çagyrdykmy?
– Çagyrdyk!
Daşary ýurt habarçylary metbugat-konferensiýasyna banket zalynyñ
içinden geçmeli edildi. Onsoñ jenap ýoldaş Prezidentiñ her sözi olaryñ sülekeýini akdyrdy. Ahyrsoñunda ol ýylgyrdy-da, aýaklaryny
stoluñ üstüne çykaryp goýdy, ýöne aýagynyñ aşagyna akyp gelen
sülekeýden onuñ köwüşleri eýýäm öl-myjjyk bolupdy. Bu bolsa,
Köşge ýygnanan jurnalistleriñ ýakyn geljege umytly bakýandyklaryndan habar berýärdi.
– Geliñ, bu gün bir zady gürleşip goıalyñ, eısem adam hukuklary
näme? Biziñ pikirimizçe, bu adamlaryñ arkaıyn ıatyp-turmagy we
iıip-içmegi. İöne biz olaryñ nirede ıatyp-turıany we näme iıip-içýäni
bilen işimiz ýok. Elbetde, nirede ýatyp, nirede turjagyny hem näme
iýip-içjegini her kesiñ özi gowy bilýär. Kim gaýkyny söýer, kim-de
küýküni diýip, bu barada biziñ gymmatly nakyllarymyzyñ birinde
ýörite bellenilip geçilýär. Diýmek, bu mesele bizde eýýäm atam
döwründe çözülip goýlan bolsa nätjek?! Umuman her bir adamynyñ
ömri biz üçin gönümel ýa-da gyýtaklaýyn häsiýetli materialdyr. Şondan beýlesi biziñ ýurdumyzda añsatlyk bilen çözülýär, ýagny grajdanlaryñ egnine hiç hili guramaçylyk ýa-da maliýe kynçylyklary
düşmeýär, döwlet islendik meseläniñ çözgüdini öz üstüne meýletin
alýar. Elbetde, menem adam, ýöne onda-da men bu ýüki çekmeli
bolýaryn. Men öz halkyma mugt tebigy gaz, elektrik energiýasyny
we suw berýärin. Ilatyñ ep-esli bölegi bolsa, öý kireýini tölemekdende mydamalyk ýa-da uzak möhletleýin boşadylan. Gepiñ keltesi, bize
aýralygyñ we ölümiñ ajysyny süýjütmek başartdy: biz ony maşgalanyñ girdeji maddasyna öwürmegiñ-de hötdesinden geldik. Nädip?
301
Bu biziñ öz syrymyz. Ýene-de bir zat. Men demokratiýa we adam
hukularyna öz Köşgümden, öz ýanjagazymdan ýer berdim. Indi meniñ ýanjagazymda demokratiýanyñ öz aýratynja jaýy, adam hukuklarynyñ-da öz aýratynja kabineti bar. Aýlykly! Men bu hukuklara ygtybarly gözegçilik edýänlere ýörite aýlyk belledim. Hany, aýdyñ,
eýsem haýsy ýurtda siz beýle elpe-şelpelige duşduñyz? Galybersede, biz hukuk isleýänleriñ kelle beýnisini, ýagny, siziñ diliñiz bilen
aýdanyñda, psihologiýasyny ýörite institutlarda öwrenýäris. Lazer
şöhlesi bilen. Zerur bolan halatynda kese kesigini. Olaryñ kelle
beýnisinde üýtgeşiklikleriñ bardygy köre hasa. Dürli dermanlaryñ
täsiri astynda adamynyñ kelle beýnisindäki demokratik pikirleriñ
özgerişi baradaky ylym biziñ ýurdumyzda ylmyñ iñ hasylly pudaklarynyñ biridir. Eýsem munuñ özi adam hukuklarynyñ bizde daşary
ýurtlardakydan has çalt depginde ösýändigine güwä geçmeýärmi
näme?
Daşary ýurt habarçylarynyñ biri ýerinden turdy.
– Otur ýeriñde! Men birinji meseläni çözdüm diýip hasaplaýaryn,
ýoknasyz bolmañ! – jenap ýoldaş Prezident medeniýetli ýylgyrdy. –
Indi ikinji meselä geçýäris. Ine, siziñ käbiriñiz biziñ ýurdumyzda
nähak ýerden adam tutulýar diýýärsiñiz. Bu mesele gürrüñ edeniñe
degýär. ”Tutmagyñ” hem ”tutmazlygyñ” çylşyrymly bolşy ýaly,
”tutulmak” bilen ”tutulmazlygam” bir göräýeniñ ýaly ýönekeý zat
däldir. Adam tutulybam biler, tutulmanam: onuñ tutulmanlygynyñ
tutulmajagyny añlatmaýşy ýaly, tutulmagy-da tutulandygyny añladyp bilmez. Siz bu iki düşünjäni elmydama bulaşdyrýarsyñyz. Aslynda ”adam tutmak” diýmek näme? Bu örän we örän irnik mesele.
Ol hemişe kesesinden düşnükli bolup durmaýar, ony diñe azabyny
çeken biler. Biz bu ugurdan iñ öñdebaryjy demokratik ýurtlaryñ biri
bolsak-da, entek meseläni doly çözüp bilemzok. Kimleri tutmaly,
kimleri tutmaly däl? Adamyny tutsañ peýdalymy ýa-da tutmasañ?
Men entek bu taýda döwletiñ bähbidini göz öñünde tutamok, her
adamyñ öz şahsy bähbidini göz öñünde tutup aýdýan. Ine, aýdalyñ,
haýsydyr bir adam tutulypdyr diýeliñ, elbetde, beýle zat islendik
döwletde bolup biler, ol tutulan adamynyñ günäsi barmy ýa-da ýokmy – bu ikinji mesele, bu hakynda biz gürrüñimiziñ dowamynda
aýdarys, adamynyñ tutulmagy biziñ ýurdumyzda diñe onuñ öz bähbidinedir, aýratynam, ol günäsiz bolsa! Haýran galmañ, diñe ýüzleý
302
düşünen adam bu diýleni geñ görer; diýmek, adam şondan soñ hiç
hili günä iş edip ýetişmez, adam öldürmez, çilim çekmez, aýal zorlamaz. – jenap ýoldaş Prezident çilim otlandy, birküç gezek işdämen
sordy, gözlerini süzdi. – Hawa, şonuñ ýaly päkize adamynyñ adyny
soñra biz öz mekdeplerimize-de dakyp bilerdik, nämüçin dakmaly
däl? Ýöne bu ýerde olaryñ nähak türmä basylmagy bu meselede
ýeke-täk päsgelçilige öwrülip biler we eger olaryñ atlary okuw jaýlaryna, seýil baglaryna dakylmaýan bolsa, sebäbi diñe şudur. Adam
tutulýar, ýagny türmä basylýar, eýsem muny siziñ käbiriñiziñ edişiñiz ýaly tragediýa öwrüp görkezmek dogrumydyr? Biziñ ýurdumyzda adam tutulmagyny beýleki ýurtlardaky bilen gatyşdyrmak bolmaz. Çünki biz demokratik ýurt. Biziñ milli demokratiýamyz şeýle
bir derejä ýeten, ýagny indi bu belentlikden bizde tutulan adam bilen
tutulmadyk adamynyñ arasyndaky tapawut ýitdi. Ýagny islendik
tutulmadyk adam özüni eýýäm tutulan ýaly, tutulanlar bolsa, tutulmadyk ýaly syzýar. Gepiñ keltesi, meniñ halkym des-deñ iki bölege
bölünýär: tutulanlar hem indi tutuljaklar. Hany aýdyñ, haýsy bir
ýurtda adam özüni şeýle erkana duýup bilýär? Haýsy ýurtda şeýle
deñlik bar? Meniñ halkym üçin bu indi adaty zada öwrüldi.
Daşary ýurt habarçysy ýene ýerinden turdy.
– Otur! – diýip, jenap ýoldaş Prezident oña ajy tüteýän çilimini
uzatdy. – Otur! Men şeýle bir zady gürrüñ bereýin. Şährizada diýip,
bir aýal bolan, köne zamanlarda. Onuñ ýaşap geçendigini adam ogly
inkär edip bilmez ýaly men bu hakda ýörite Perman-da çykarmakçy.
Ana, onsoñ ol aýal gije-gündiz erteki aýdyp, öz ärini güýmäpdir.
– Ärini däl, dogrusy – patyşany! – diýip, press-konferensiýa gatnaşýan daşary ýurt habarçylarynyñ biri batyrgaý seslendi.
– Otur! – diýip, jenap ýoldaş Prezident hoşamaý ýylgyrdy. – Patyşa
milletiñ hem atasy hem äridir.
– Niçiksi batyrgaý pikir! – jurnalistleriñ biri begençli gygyrdy. –
Freýdiñ ölmez-ýitmez teoriýasy Gündogarda döwlet derejesinde
tassyk bolýar! Heýjan, original material taýyn!
– Geregiñiz original material bolsun, ol meniñ çep elimden gelýär.
Ýagşy, bu meselä biz ýene dolanyp geleris, häzir tutulmak hem tutulmazlyk meselesine dolanalyñ. Birinji bellemeli zat, bu taýynyñ
Ewropa däldigidir; ikinji bellemeli zat, bu taýynyñ Azyýalygydyr;
üçünji bellemeli zat, Azyýa bilen Ewropanyñ arasynda tapawut bar303
lygydyr; dördünjiden bellemeli zat, bu tapawudyñ ululygydyr. Şonuñ
üçin meniñ soragyma üns beriñ, jenaplar! Siziñ pikiriñizçe, tutulan
bagtlymy ýa-da tutulmadyk?
– Tutulmadyk! – diýip, ýaş habarçylaryñ biri örän türkana seslendi.
Jenap ýoldaş Prezident bu jogaby eşidip, atalyk mähri bilen ýylgyrdy. Ol hatda başynam ýaýkady, agzyna ullakan bir mampazany atyp,
üstünden çaý owurtlady, dodagyny şapbyldatdy.
– Ine, siziñ hemmäñiziñ esasy ýalñyşyñyz! Meseläniñ düýp özeni
nämede? Zatlaryñ siziñ çak edişiñiz ýaly däldiginde! Sizde tutulmadyk bagtly, bizde tutulan. Sebäbi tutulan adam eýýäm tutulmakdan
dynýar, tututlmadyk adamynyñ welin, islendik pursatda tutulmagy
we türmä atylmagy mümkin – nähili elhençlik?! Özem nämäniñ üstünde tutuljagy belli däl. Belki, ol gös-göni atuwa gitmeli bolar?
Diýmek, logiki taýdan yzarlanyñda, bir gün öñürti tutulsañ – bir
peýda. Tutuldyñmy – ertesi tutulmarsyñ, atyldyñmy – soñra gülleden
gorkman bilersiñ! Diýmek, öz erteki günüñden seniñ ýasy ýanyñ
ýerde, näbellilik aradan aýrylyp, adamynyñ ýaşaýşy belli bir tertibe
girýär. Emma munuñ tersine, her günüñi bitmejek umytda geçirmek,
günüñ-güni nämedir näbelli bir zada garaşmak ynsanyñ aşyna awy
gatýar, onuñ bu gününi-de, ýagny köplenç iñ soñkuja gününi-de
onuñ elinden alýar. Onsoñ rehimsizlik däl-de, bu eýsem nämemiş?
Eýsem adam hukuklarynyñ şundan beter bozulmasy bolup bilermi?
Men düşünýärin, häzir size kyn, siz täze bir filosofiýa bilen ýüzbeýüz bolduñyz, siz hemme zady öz yzagalak demokratik düşünjäñiz
bilen ölçejek bolýarsyñyz, ol hem, elbetde, sizi azaşdyrýar, kejebäñizi daraldýar – jenap ýoldaş Prezident giñgöwrümli ýylgyrdy. – Biz
welin eýýäm demokratiýanyñ täze eýýamyny gurup ýörüs, biz adamlara diñe bir ýaşamak däl, eýsem erkin ölmek hukugyny-da eçildik,
olaryñ özi ilki öljegini ýa-da ýaşajagyny saýlaýar, onsoñ biz olaryñ
erkine hormat goýup, isleglerini añry ýany bilen bitirýäris. Uzyn
sözüñ gysgasy, bizde bitmejek isleg ýok. Ýöne biziñ ýurdumyzda
bolup geçýän wakalara dogry baha berjek bolsañyz, hergiz meniñ
sözlerimden ugur alyñ, şonda ýalñyşmarsyñyz. Bu bolsa, meniñ
öñümde siziñ abraýyñyzy artdyrar we siziñ saglygyñyz ýaramazlaşmaz. Ine, bu mampaza serediñ! – ol eräp ýülmenen mampazany syñragyna gysdyryp agzyndan çykardy-da, oturanlara görkezdi. – Munuñ ähli gorkusy ony agzyña atýançañ, agyz boşlugyna düşensoñ,
304
onuñ gorkusy sypyrylýar. Soñky galýany – diñe tehnika: sürülmek,
sürtülmek, ýülmenmek we ýuwdulmak – wessalam. Elbetde, adamlar
mampaza däl, ýöne meñzeşligi kekirdekden.
Biz tutulanlar bilen tutulmadyklaryñ ýaşaýyş derejesini deñleşdirmegiñ hötdesinden geldik. Netijede olaryñ hiç biriniñ beýlekisiniñ
gününe gözi gidenok. Bu biziñ hökümetimiziñ alyp baran düýpli
syýasy, ykdysady we medeni işleriniñ netijesinde mümkin boldy.
Onuñ üçin-de, olaryñ biriniñ ýagdaýyny beýlekisiniñkiden tapawutlandyryp görkezjek bolmak – bu biziñ dostlarymyzyñ işi däldir. Men
size bir zady aýdaýyn, hatda tutulanyñ tutulmadykdan bagtlydygy
indi biziñ halkymyza düşnüklidir, enşalla onuñ beýleki halklara-da
düşnükli bolmagy üçin çalşarys we bu açyş diñe biziñ üstünligimiz
bolup galmaz diýip, umyt edýäris. Ol bütin adamzadyñ hyzmatyna
berlip, onuñ şatlygynyñ hem bagtynyñ gözbaşy bolmalydyr. Bizde
bu eýýäm şeýle. Üstesine-de bizde indi her maşgalanyñ öz aýratyn
türme güni bar. Maşgala başbitinje gelip, öz oglan-uşagy bilen her
ýylda bir gijäni kamerada geçirýär. Ynanaýyñ, ösüp gelýän ýaş nesli
watançy edip ýetişdirmekde munuñ ähmiýeti aýdyp-diýerden uly.
Onsoñ Watanyñ adyny eşidenlerinde, olaryñ gözlerine ýaş aýlanýar.
Eýsem adamda mundan güýçli watançylyk duýgusyny terbiýelemek
mümkinmi?!
Ýurtda başgaça pikirlenýänleriñ ýagdaýy barada aýdylanda, men
olary görmäge hergiz ölemen höwesek. Men muny açyk aýdýaryn,
haçana deñeç biz kimdir birinden çekinip gezmeli? Ýok, bes, mundan beýläk meniñ ýurdumda hemme zat ap-aýdyñ bolmalydyr. Bu
meselede pikiriniñ aýdyñ däldigi üçin özümiñ Larinden nägiledigimi
ýaşyrmaýyn. Dogrusy, maña onuñ käbir bolşy düşnüksiz. Onda bu
meseläni çözüldi hasap edýäris, maña artykmaç sorag bermek gelşiksiz.
Çet ýurtly habarçylaryñ biri jesedi dört bölege bölünen başgaça
pikirlenýäniñ suratyny görkezende, jenap ýoldaş Prezidentiñ gözlerinden boýur-boýur ýaş döküldi; muny gören müdirler-de sessiz aglaşdylar. Jesediñ birnäçe gün mundan öñ bir ýygnanyşykda özüne
degerli sowal beren ýaş ýigidiñkidigini görende-hä jenap ýoldaş Prezident edil göhert kimin bozlaberdi, gözüniñ ýaşy bäbeneginde eglenäýse nädersiñ.
305
– Şol neressäñ dagyn oññul ýaşam ýokdur. Wah, onuñ ömrüniñ
uzak bolmajagyny men şol wagtam añdym-la, ýöne jenap ýoldaş
Prezident halyña dowul turzup ýörmek gelşiksiz-dä. Neressäñ ýatan
ýeri ýagty, hüýr gyzlar ýoldaşy bolsun! Ýogsam-da, onuñ yzynda
maşgalasy dagyn galdymykan? Galan bolsa, duşuşsak kem bolmazdy, ýöne muny Larine duýduryp oturmagyñ geregi ýok; goý, ol öz işi
bilen bolsun, men öz etjek işimi özüm gowy bilýärin. Ol ýigidiñ
adyny onuñ okan mekdebine dakyñ, döwletimiñ gimnini ýazyp bolan
dessime, ol betbagt ýigit hakynda dokumental poema ýazjakdygymyda yglan edýärin. Goý, ol ýigidiñ o dünýäde görjegi gowy bolsun.
Nätjek-dä, başgaça pikirlenýänler meniñ ýurdumda başgaça-da ölýärdä, bu olaryñ eýsem ilkibaşdan öz islegine gabat gelmeýärmi näme?
– jenap ýoldaş Prezident ahyrsoñy gözýaşyny sylyp, özüne hem märekä göwünlik berýän şekilde uludan demini aldy. – Başgaça pikirlenýänleriñ ömürleriniñ öz ýurdumda ortaça ýaşdan gysgalygy üçin
olara we olaryñ maşgalalaryna çuññur gynanç bildirýän. Munuñ
düýp sebäbini men ýurtda olara daýanara sosial bazanyñ ýoklugyndan görýärin, ony gizläp nätjek? Olaryñ aýny ýaşda juwanamerk
bolup, garaşylmadyk ýowuz betbagtlyklardan ölmeginiñ düýp sebäbi
diñe şundadyr, eýsem başga nämeden bolsun? Men bu barada ertir
öýlän öz çuñ mazmunly ylmy monografiýamy ýazaryn. Aslynda bu
gutulgysyzlyk, meniñ ganatly sözlerim muny añry ýany bilen subut
edýär: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!”
Elbetde, siziñ hemmäñiziñ meniñ paýtagtymdaky iñ syrly jaýy göresiñiz gelip, ýüregiñiz üzülip barýandyr. Meniñ sizden gizlin zadym
ýok, ol jaýy janym-tenim bilen size görkezmekçi, ýöne siz meniñ
halkymyñ islegine garşy gidýändigiñizi unutmañ. Eger-de halk sizi
daşlap öldürse, ony maña ýapmañ, aýtmady diýmäñ.
Onsoñ jenap ýoldaş Prezident habarçylary belli köçedäki näbelli
jaýyñ üstüne hüjüme alyp gitdi. Habarçylar ok geçirmeýän egin-baş
geýnip, kellelerini eteklerine salyp, köçä çykdylar. Ilki olary elleri
duz-çörekli gelin-gyzlaryñ giden bir hatary garşylady. Olar habarçylaryñ üstüne hoşniýetlik bilen ýagdylar. Emma paýtagtyñ orta gürpüne golaýlaşdyklaryça ýagdaý üýtgeýäne çalym etdi. Indi aksakgallar
güreldi. Añry gitdigiçe olaryñ ýüzüniñ ruhy gaçyp, gyrmyzy donlarynyñ aşagyndan ýaraglar somlaşdy. Olar tiz wagtdan ot açdylar,
içinde eli ýaragsyzy ýokdy. Şeýle bir ot suwurýardylar welin, kelläñi
306
ýerden galdyrar ýaly däldi. Habarçylar ýere ýapyrylyp ýatyşlaryna
jenap ýoldaş Prezidentiñ demir gulakjynly başyna seretdiler.
– Yzym bilen öñe! – ol ala-galmagal turzup, edil gaz çagasy ýaly
öñe moýmuldady.
Habarçylar çagba ýaly ýagýan okuñ içinden onuñ yzy bilen gözlerine urlan dek öñe dyzasalar, ýaşulular edil guduzlan ýaly ot sowurýardylar. Olaryñ gyrmyzy donlarynyñ işligi durşy bilen adam
gyrýan ýaragdy.
– Gördüñizmi?! – jenap ýoldaş Prezident habarçylaryñ gulagyna
gygyrdy. – Meniñ halkym bu binany gözüniñ göreji däldir öýdenok.
Abraýymyz barka bu taýdan yza çekileliñ, ýogsam sizi güjük gyran
ýaly ederler. Gödek halk, ýöne ölemen goşguçyl. Bularyñ içinde
meniñ waspymy etmedigi, goşgy düzmedigi ýok. Ýürekden gowy
göräýişleri çakyñ däl, edil ölüp-öçüp ýatyrlar. Serediñ, hat-da meniñ
atan okumyñ öñünden sowulmany-da bilmezler! – jenap ýoldaş Prezident goltugyndan sapançasyny çykardy-da, añyrdan eñşip gelýän
aksakgallardan bäş-üç sanysyny it atan ýaly tükgertdi. – Indi yza
çekileliñ, gözleri gan görensoñ, bulardan gaçyp gutulsañ – zor boldugyñdyr! Maña tapawudy ýok, ýöne men sizi gaýgy edýän. Bularyñ
sakgalyndan çen tutan – utular, sebäbi hemmesi-de ozal ýarag göteren zaññarlardyr, hezil bermezler. Üstesine-de, geçmişden bäriligine
gelmek islemeýärler.
Jurnalistleriñ biri ýere ýapyrylyp ýatyşyna sorag berdi:
– Siz nädip bu ýurtda başyñyzy çaraýañyz?
Jenap ýoldaş Prezident onuñ başujunda çommaldy.
– Meniñ bagtly ýerim – öz halkymyñ ogludygym. Men bulara gaty
gowy düşünýärin. Bilip goýuñ, taryhda iki sany müdümilik ululyk,
iki sany güýç bardyr: olaryñ biri – Häkimiýet, biri-de – Halk. Galan
ululyklaryñ hemmesi bu ikisinden gelip çykýar we ikinji derejelidir.
Halky eliñe aljak bolsañ, häkimiýete, häkimiýeti eliñe aljak bolsañda – halka daýanmaly. Meniñ eden taryhy açyşym şundan ybarat,
ýagny men bu iki ululygy-da ýatyrdym!
– Nädip? – daşary ýurt jurnalistleriniñ biri gulagynyñ ganyny sarkdyryp, janhowluna gygyryp sorady.
Jenap ýoldaş Prezident özünden göwnühoş, rowaýaty gahrymanlar
dek, çawup gelýän oklardan sowuljagam bolup durman, arkaýyn
gürledi:
307
– Men olaryñ ikisini goşdum! Goşdum-da, Halk Maslahaty diýen
täze ululyk ýasadym, ony-da Halk Häkimiýeti diýip yglan etdim.
Ýöne bu ne halk, ne-de häkimiýet, başynda-da – özüm! Netijede
olaryñ ikisiniñ-de ozaldan gelýän gylyklary ýok boldy: ne biri birine
gözegçilik edip bilýär, ne-de biri beýlekisinden – talap. Halk-a halk
däl, häkimiýetem – häkimiýet. Bu ýurtda indi hiç kese daýanara
daýanç, ynanara güýç ýok. Meniñ şahsy häkimiýetimiñ sarsmazlygynyñ gözbaşy şunda!
Jenap ýoldaş Prezident añkasy aşan daşary ýurt habarçylarynyñ başyny çekip, soñra çagba ýaly ýagýan okuñ astynda bu
ýerden merkezi köçe bilen öz Köşgüne garşy yza çekildi. Gazaply söweş köşeşen badyna gapdaldan arlaşyp çykan traktorlar bomba düşüp oýulan ýerleri tekizläp, merkezi köçä ýokary
depginde gaýtadan asfalt ýazmaga girişdiler.
308
16. Ýoldaş Larin
Aýna ýaly asfalt ýoldan paýtagta garşy myçyp barýan Musa Çöli öz
syýasy karýerasynda iñ kert öwrüme gelip ýetendigine düşündi: bu
añrybaş ynam, şundan ýokarda bu ýurtda hormat ýok. Çünki jenap
ýoldaş Prezident onuñ yzyndan hökümet ulagyny iberdi. Diýmek, bu
günden beýläk Musa Çöli ýurduñ iñ ýokary häkimligine aýak basýar.
Paýtagtyñ köçelerinde birnäçe aýlaw eden hökümet maşyny ahyrsoñy jenap ýoldaş Prezidentiñ ejesiniñ adyny göterýän köçäniñ ortasyndan wazlap girdi-de, gelip Köşgüñ arka ýüzünde saklandy. Maşyndan ýylmyldap çykan Musa Çöli salymyny bermän, Köşgüñ içinde peýda boldy. Labirint şekilli gurlan koridordan ýöräp barşyna ol
ýönekeý adamlaryñ jenap ýoldaş Prezidentiñ ýanyna ugranda ýöredilýän ötlem-ötlem koridorlary barasynda oýlandy, ol ýol bilen ýurt
eýesiniñ gaşyna ýetmek üçin näçe ýyl ýol ýöremeli boljagyñy bilmek
mümkin däl. Gapdalyñda-da Larin: ajyksañ – çörek berýär, suwsasañ
– suw, özem içýär. Lariniñ ýürekdeşligi bolmasa, ol ýol bilen jenap
ýoldaş Prezidentiñ ýanyna ýetmek mümkin bolmazdy; Musa Çöli-de
başda hut şu ýola salnypdy we şonda ol iki hepde ýol ýöräpdi; alagarañky koridor bilen öwrüm-öwrüm ýol geçip barýansyñ, her öwrümde-de zompuldap, öñüñden Larin çykar, özem onuñ wezipesi her
gezekde tapawutly: birinde eliñe çörek berýär, beýlekisinde – eliñdäkijäni-de alýar. Köplenjem ol kagyzlaryny goltuklap, hamana, öz işi
bilen öñüñi kesip geçip gidýär. Peýwagtyna. Onsoñ awun-da ýör.
Pete-pet gabat gelende, ýüzüniñ ugruna indi haýsy egniñe aýlanmalydygyñy, nämeden häzir bolmalydygyñy öwreder, naharlar, çaýçilim berer, ýarañy dañar; şonuñ üçinem: ”Larin biziñ bagtymyza
dörän adam” diýip, bütin halk onuñ tarypyny edýär. Musa Larini
birinji gezek görende bialaç halady, orta boýly, kellesi ýylçyr, gözleri ýitiden ullakan, gaşlary mylaýymdan şübheli gerjeşip duran bu
orta ýaşly adamyny gowy görmezlik mümkin däl. Musa muny
duýdy. Ony jenap ýoldaş Prezidentiñ özi-de jan-dilden gowy görensoñ, başga näme gerek? Bu yssy ýurtda şondan akylly kim bar?
309
Musa jenap ýoldaş Prezidentiñ kabulhanasyna girende, Hyrly Durgura gabat geldi, onuñ goltugy kagyzly. Musa baş atyp, onuñ deñinden geçiberjek boldy.
– Ýaşuly, nobatyña garaş!
Musa näme etjegini bilmän, hamana, öz-özi bilen gürleşýän şekilde
seslendi.
– Meni jenap ýoldaş Prezidentiñ özi çagyrdy!
Hyrly Durgur etlek badamjan dodaklaryny göwnüýetmezçilik bilen
gyşartdy.
– Ýok, bu mümkin däl. Siz Köşkde poeziýadan öñe geçip bilmersiñiz. Muña hat-da Firez Razan Atdaş-da milt edenok. Äñet, – Hyrly
Durgur kabulhanada garaşyp oturan eşik geýdirilen daşkädi sypatly
jortmak pyýada barmagyny çommaltdy: – Hamana, Günbatarda meşhur jurnalist, biziñ ganym duşmanymyz, emma bu ýerde adaty ownuk söwdagär, edeplije bolup, öz gezegine garaşyp otyr. Ýogsam,
onuñ menden öñürti jenap ýoldaş Prezidentiñ nuruna çoýunasy
gelýän däldir öýdýäñmi?
– Ýagşy... – ýylan adamçylyk etdi, – men garaşmaga taýyn, ýöne
sen ýurduñ syýasaty üýtgän bolsa bildiñmi? Üç adam bir wagtda
görnüşe çagyrylýar...
– Nädip üýtgesin? – Hyrly Durgur hötjetlik etdi. – Ol syýasat meniñ
goşgularyma esaslanýar, onsoñ ol mensiz nädip üýtgesin? Men
düýnden bäri täze goşgy ýazamok, öñki ýazanlarymy zerli syýa bilen
aklama göçürdim! – ol ýukajyk nepis matadan tikilen salkyn ak balagyny ýokaryk çyzgap, aýaklaryny ýaýratdy. – Men ýüñi ýeten şahyr,
oýun eden, soñra öküner.
Çöpüriñ ysyndan eýmenen Musanyñ bady gaçañkyrlady.
– Men siziñ kitaplaryñyzy höwes bilen okaýan. Siz beýik.
– Men ony bilýän. Bu hakynda basym jenap ýoldaş Prezidentiñ
ýörite karary çykjak. Onsoñ meniñ duşmanlarym bu hakykaty hiç
haçan şübhe astyna alyp bilmez. Men olary Taryh muzeýinde çüýrederin!
– Beýle ganym daraşar ýaly duşmanlaryñyz size näme ýamanlyk
etdi? – ýylan Köşk şahyrynyñ köpükläp duran erinlerine eýmençli
seretdi.
– Olar edebiýat meýdanynda meniñ aýagyma çolaşýarlar, okyjylaryñ ünsüni bölýärler.
310
– Bäsdeşleriñi ýok etmek adalatsyzlyk bolmazmy?
Köşk şahyry ýogyn barmagy bilen gürrüñdeşine ”gulagyñy tut!”
diýen üm etdi:
– Bu dünýäde adalatsyzlyk şeýle bir kän welin, biri artyk ýa-da kem
bolany üçin pelegiñ terezisi öñküsinden beter gyşaraýasy ýok! Eger
meniñ ýerimde olaryñ özi oturan bolsa, olaram meni ýok ederdi. Hiç
kes Köşgi diñe şygyr bilen güýmäp bilmez. Köşge tragediýa-da gerek. Umuman, şahyrçylyk diýeniñ kyn hünär, ýöne meniñ üçin däl,
sebäbi men çöregi şygyrdan iýýärin. Men onuñ inçe tilsimini ir ele
aldym: ilki adamyñ ýüregini awatmagy, soñra-da şygyr düzmegi
öwrendim. Onsoñ hemmesi taýyn boldy duruberdi. Eger siz şahyrçylyk etmekçi bolsañyz, hökman meniñ ýanyma geliñ, baş üstüne, men
öwredeýin. Bu kyn däl, men indi halk şahyrlaryny ýetişdirmek bilen
meşgullanýaryn. Halk şahyry üçin kapyýa, bogun sany hökman däl,
goşgynyñ temasy möhüm. Şuña düşünseñiz tiz ösersiñiz.
Biziñ maşgalamyzda kakamyñ aýdany – aýdan, diýeni – diýen ýerindedi. Bir gün ol maña: ”Men seni şahyr etjek” diýdi. Men uzyn
gije aglap çykdym, ýöne nirä gaçyp gitjek: kakam aýtdymy – gutardy! Ertesi ol maña goşgy düzmäni öwreder ýaly şäherden birini hakyna tutup getirdi; ol pes boýluja, tyñkyja, gözleri zordan açylýan,
depip oýnabermeli bir ýumşajyk şahyrjykdy; kakam ony demirýol
wokzalyndan tapypdyr; başga ýerden paýtagta gelýän şahyrlaryñ
wokzalda ýa-da bazarlarda ýatyp-turýandygyny kim bilenok; kakam
iliñ içini özünden gowy bilerdi, onuñ zehinsiz adamyny hakyna tutmajagy belli; onsoñ ol şahyr iýýän çöregini ödejek bolup, maña goşgy düzmegiñ syrlaryny öwretdi, kakam bolsa, näme hakda ýazmalydygyny. Ol maña: ”Häkimiñ ýüzünde nur görüp bilseñ, hiç haçan hor
bolmarsyñ!” diýip sargady. Men onuñ diýeninden çykmadym, şonuñ
üçinem hor bolmadym.
– Entekler ömür uzakdyr – ýylan sypaýyçylyk etdi, – görjegiñiz
öñüñizdedir…
Köşk şahyrynyñ gulagy diñe bir adamynyñ gepini eşitmäge uýgunlaşansoñ, ol häzir gürrüñdeşiniñ diýenini alga almady, özüniñkini
dowam etdi.
– Ana, meniñ çagalygym şol garynlajyk şahyryñ garnynyñ üstünde
geçdi. Sapak şundan ybaratdy: ol arkan ýatan ýerinde goşgy okardy,
men ony diñläp, soñra gaýtadan düzerdim. Soñra onuñ äheñi meniñ
311
öz äheñim bolup çykdy, emma ol deýýus muny boýun almasa nädersiñ! Meni ogurlykda aýyplajak boldy. Onsoñ onuñ ömri kelte boldy.
Emma poeziýa söýüjiler muña gynanan däldirler, gynanmazlaram:
olar üçin esasy zat adam däl, poeziýa!
– Bu siziñ poeziýa bolan ägirt höwesiñizden habar berýär – Musa
ýaramsaklady.
– Eýsem näme! – Hyrly Durgur badamjan dodaklaryny giñden
açdy. – Eger şeýle bolmasa, men bu derejä ýetermidim? (Ol haşamly
diwara altyn ýüzükli barmagyny çommaltdy.) Men nire, bärleri nire?
– birdenkä ol azajyk gussa batdy, şonda onuñ gyýkmakdan ullakan
gara gözlerine nem çaýyldy, emma basym özüne geldi, gözlerinde
gussanyñ ýerini eýelän ýukajyk ýigrenç örtgüsi munda güman
goýmady. – Men maksadyma ýetdim, kakam pahyr bolan bolsa, gör,
ol nähili begenerdi! Emma kütek hem tüntaw, samsyk hem gödek
halkyñ, içigara, wenezzyna adamlaryñ, biparh hem bitertip mähelläniñ meniñ ýazýan inçeden nepis, duýgur, ter-tämiz meñzetmelerimden, täzeçe ulanylan sözlerden, bu yzagalak poeziýa düýbünden ýat
söz düzümlerim, bärde menden öñküleriñ hiç biriniñ ulanmadyk
aýlawlaryndan doly naýbaşy döredijiligimi ýazyp başlan badyma
ykrar etmändikleri zerarly kakam pahyr aýny ýaşynda ýigrenjiniñ
gurbany boldy, ol dünýäniñ bolşuna çydamady, ejemiñ ýüregi berk,
ol entegem bar.
Musa bu gaýgyly hekaýaty eşidip, tes-tegelek gözleriniñ gus-gury
ýaşyny syldy. Hyrly Durgur Musanyñ özüne ýakyn syrdaş bolup
biljekdigini derrew syzyp, goltugyndaky kagyzlaryny şagyrdadyp,
ony bagryna basdy. Musa bu äpet şahyry garsa gujaklap, çekgelerine
ýelmeşen gulaklaryny onuñ şapbat ýaly gulaklaryna gezegine oýkady. Dogrusy, onuñ ullakan gulaklaryna gözi gitdi: nähili ajaýyp gulaklar! Beýle gulaklary bolan şahyr hiç haçan hor bolmaz. Onýança
Firez Razan Atdaş-da gelip, bulary gujaklady. Içki jaýdan çykan
Larin bularyñ ýürekdeş dostlara öwrülişlerine keseden guwanyp kän
durdy, ýöne ahyrsoñy:
– Sizi jenap ýoldaş Prezident çagyrýar! – diýmese, dagy alajy galmady.
Olar üç tirkeşik bolup goltuklaşyp içki jaýa girdiler, bosagadan
ätlän batlaryna jenap ýoldaş Prezident olary bilelikde bagryna basdy.
312
– Meniñ goçaklarym! – ol bozuldy. – Men öz halkymyñ adamlarynyñ hemmesiniñ şeýdip, ikiden-üçden gujaklaşyp gezmeklerini ölemen küýseýän, aslynda bu meniñ baş arzuwym. Men size garaşsyzlygy diñe asudalyk höküm sürsün diýip alyp bermedimmi näme?
– Biz garaşsyz boldukmy? – Firez Razan Atdaşyñ gujagyndan zordan sypan badamjan dodakly şahyr begenç bilen gygyrdy. – Biz indi
garaşsyzmy? Siz bizi garaşsyz etdiñizmi?
Ýylan bu şahyryñ söz ulanyşyna señrigini ýygyrdy, emma şahyrlar
şeýle gürlemelidir öýdüp, señrigini ýazdy. Hyrly Durguryñ begençli
sesi diwarlary milli nagyş bilen bezelen gupbaly Köşgüñ içini göçüreýin diýýärdi; jenap ýoldaş Prezident oña ”ýuwaş” diýmedi, çünki
onuñ bu täzeligi Hyrly Durguryñ sesi bilen dünýä ýaýasy gelýärdi,
nämä göwni ýetmese-de onuñ Hyrly Durguryñ agzyna göwni ýetýärdi, şonuñ üçinem ol ”heýjan elek! jan elek!” diýip bökjekläp ýören
agzy ullakan şahyry gujaklap, mähirli seslendi:
– Öten agşam men bir düýş gördüm, gaty gowy düýş. Düýşümde
bir gyzyl kekeç owadan horaz, kekeji-de biraz gyşyk, o diýen bir
gyşygam däl-de, çalaja gyşyk, ýelekleri reñbe-reñ, şeý diýilýä dälmi
edebi dilde, Hyrlym? – jenap ýoldaş Prezident öz gepinden göwnühoş ”loh-loh” güldi, Hyrly Durguryñ arkasyny sypalady, soñ dosdogry onuñ gözlerine bakyp dowam etdi: – Ana, şol ýañky horaz bir
ýykyk haýatyñ üstüne çykýar-da, dañ atanyny buşlap, yzly-yzyna
gygyrýar. Men şol horazyñ sesine oýandym, gözümi açsam, başujumda Larin otyr, ol:
– ”Siz basyrgandyñyz” – diýdi.
– Menem: ”Ýok, men basyrganamak, men ýykyk haýatyñ üstünde
owadan horaz gördüm, bu biziñ ikimiziñ garaşsyzlygymyz bolmaly”
diýdim... Şeý diýdim dälmi, Larin? – Larin başyny atdy. – Ana, onsoñ, Larin ikimiz oturyp, geñeş etdik, meniñ eziz halkym garaşsyz
bolmalymy ýa dälmi? Mundan beýläk men öz eziz halkymy kesekä
depgiledip biljek däl, şeýle dälmi, Larin? – Larin açyk gapydan
boýnuny uzadyp, mylaýym ýylgyrdy, baş atdy. – Şu günden beýläk
biz garaşsyz! Men eýýäm degişli Permana gol çekdim, Larin ony
tertibe salyp, halka ýetirer. Ýöne päliýamanlaryñ eline düşäýmez
ýaly, belki-de, häzirlikçe ol ony öz demir sandygynda saklar. Bilmedim. Nämüçin men şeýle ownuk-uşak zatlar üçin kellämi agyrtmalymyşym?! Meniñki – Permana gol çekmek, galany Lariniñ işi. Ine,
313
Hyrlym, indi ikimiz garaşsyzam bolduk! – jenap ýoldaş Prezident
Musadyr badamjan dodakly agzy ullakan şahyrynyñ arasyna girip,
olary üýtgeşik gujaklady.- Indi näme etsek – öz elimizde. Hiç kim
bize ”edýäniñ näme” diýip bilmez, çünki biz garaşsyz! Eşidýäñmi,
Hyrlym, biz garaşsyz! – soñra ol uly alada galyp, öz şahyrynyñ goltugyndaky kagyzlara seretdi. – Döredijilik nähili? Agşam näçe goşgy
ýazdyñ?
– On goşgy ýazdym, dokuzysy – naýbaşy, biri-de – gowy. Iki sany
makala-da ýazdym; biriniñ ady ”Tupan asyry”, beýlekisiniñki: ”Jon
Lennon”.
– Jon Lennon diýýäniñ kim bolýar? – diýip, jenap ýoldaş Prezident
alada galyp sorady. – Olam Ýazyjylar guramasynyñ agzasymy?
– Ah, jenap ýoldaş Prezident! – Hyrly Durgur badamjan dodaklaryny süýjedip ýalady. – Siz niçiksi hoşniýetli adam! Siz öz merhemetiñizi bütin dünýä çaýmaga höwesek. Eger-de Jon Lennon diri bolan
bolsa, bu günki gün, gör, ol niçiksi sylaga ýetjek ekeni! Onuñ siziñ
eliñizi öpmegi özüne bagt saýjagyna men birjik-de şübhelenemok.
Arman, ol iñlis öldi. Meniñ poemam siziñ ölmez-ýitmezligiñize bagyşlanan, Jon Lennon bu ýerde ýöne bir perde, şol perdäniñ añrysynda Siziñ gahrymançylygyñyz ýaýbañlanýar!
– Sen onda bularyñy agşama çenli kitap edip çykart, agşamlyk Enar
ony maña okap berer; häzir men gyssanmaç, köwşümi geýdigim
Kuweýte gitmeli. – ýanyndakylar onuñ aýakýalañaçdygyny görüp
galdylar... – Meniñ öz garaşsyz döwletimi Kuweýte meñzedesim
gelýär, Kuweýtiñ soltany muña garşy däl. – soñra ol Musa garşy
ymykly aýlandy – Musa, Larin ikiñiz agşama deñeç garaşsyz döwletimiziñ Konstitusiýasyny ýazyp goýuñ, Larin eýýäm başlandyr, ikiñiz dowam ediñ-de gutaryñ, ertir men gelip, gözden geçireýin, şol
bada-da ile jar ederis. Halkara praktikasyna görä, Konstitusiýanyñ
teksti kabul edilmezinden öñürti ýazylmaly, şeýle dälmi, ýoldaş Larin?
Larin edep bilen ýylgyrdy.
– Edil özi, men ony eýýäm gutaryp barýaryn.
– Konstitusiýany şeýle bir şahyrana ýazmaly... – jenap ýoldaş Prezident dostlaryny gujaklap, joşgunly gürledi, – ýagny meniñ öz halkymy nähili gowy görýändigimi bütin dünýä bilmeli! Onsoñam
söýgüli halkymyñ islegine görä, meniñ heýkellerimiñ sanyny günü314
birin on, ýok ýigrimi esse artdyryñ. Çünki heýkel bolmadyk ýerinde
döwlet ýokdur! Eý, Tañrym, nämüçin men ýat ýurda elim boş gitmeli? Garaşsyzlygymy yglan edenime eýýäm, gör, näçe sagat geçdi,
meniñ bolsa, entegem öz alnyma Konstitusiýam ýok. Beýle ýagdaýa
ýol berip bolmaz. Biz wagty eşrepi ýaly tutmalydyrys!
– Lepbeý.
– Diýmek, ol taýynmy ýa-da ýok?
– Elbetde, taýyn, jenap ýoldaş Prezident. Men ony öten agşam düzüp goýdum!
– Edil şu wagt meniñ kelläme bir zat geldi. Ol şol ýerde barmy?
– Hawa. Men ony ”Jenap ýoldaş Prezidentiñ çäksiz ygtyýarlygy”
diýen bölüme girizdim: ”Jenap ýoldaş Prezidente we onuñ döwletine
dil ýetirmek gadagan. Bu kanuny bozana we onuñ dogangaryndaşlaryna berk çäre görülýär.”
– Meniñ söýgüli halkyma beýle rehimsiz daraşma, Larin. Garşydaş
artsa, meniñ özüme elim degmez.
– Biziñ iñ uly duşmanlarymyz garşydaşlarymyz däl. Meniñ ynjalygymy gaçyrýanlar – tarapdarlarymyz. Olar edil ýylan kömelegi ýaly
köpelýärler. Bu, elbetde, döwlet syýasatynyñ we ykdysadyetiniñ
añrybaş oýlanyşykly alnyp barylýandygyny tassyklaýar. Ýöne erbet
ýeri tarapdarlarymyzyñ hemmesine-de çörek gerek. Aýagulag dileýäni haýsy, jaý diläp ýatany haýsy! Işdäleri edil kyrk otuna ýatan
gurçugyñky ýaly, öñüne oklanyñy sümrüp barýarlar. Döwletiñ býujeti olaryñ agramyny göterenok, gazna gutarnykly tozjak. Bu problemany çözmek üçin men garşydaşlarymyzyñ we başgaça pikirlenýänleriñ sanyny ýene birneme azaltmagy teklip edýärin. Deñagramlylyk üçin. Aslynda garşydaşyñ ýok ýerinde tarapdar nämäniñ
alnyndan?
– Ýöne ägä boluñ, men eýýäm taryha giren adam, agzyboşlara ýal
bolmañ: asudalyk isläne asudalygy bozan, garaşsyzlyk isläne garaşsyzlygy bozan hökmünde çäre görmek – biziñ mukaddes borjumyzdyr. Bir süri edip, men ýazyjy-şahyrlary oýnamaga ýallamok, olar
iýenlerini ödemeli bolarlar! Olary Hyrla tabşyr-da, özüñ döwlet işi
bilen bol. Hany Musa? Ony gözden salma.
– Ol Konstitusiýany halkymyzyñ milli ruhuna ýugurýar. Göwnüme
bolmasa, Musa bu ugurdan örän ýiti, onuñ ”Ululary sylamak” diýen
bölümi ýazyşy göwnümden turdy. Tapýan zadyna seret: ”Ýurduñ
315
ýaşlary öñünden çykan sakgalla gürrüñsiz boýun sunmalydyr, ulynyñ
aýdany ýaşkiçä kanundyr.” Nähili görýäñiz? Tüýs bize gerek kanun:
hem düşnükli hem halkyñ öz ruhundan dömüp çykan. Sakgallylar-da
– siziñ gullaryñyz. Diýmek, indiden eýläk biziñki, ýagny siziñki –
hezil! Ulynyñ diýeninden çykyp, biziñ söýgüli çölümize ýat düşünje
getirjek bolan bulagaýy it dek pislemäge ýol açyk. Aksakgallary
ajykdyrmasak, galany hiç.
– Olarda näme işdä bar, bäş-üç sany añkasy aşan gojany doýrup
bilmedik döwletden döwlet bolmaz. Onsoñam Diller institutym işläp
dursa, men öz halkym bilen her günde-de Maslahat geçirmäge taýyn.
Onuñ näme zyýany bar?
Ol elindäki kitaby Lariniñ öñüne oklady. Kitabyñ daş ýüzünde:
”Daşary ýurtly ildeşlerimiziñ folklory” diýen ýazgy lowurdaýardy.
Has aşakdaky ”Halk döredijilik öýi” diýen sypaýy bellige gözi düşende, Larin ýylgyrdy.
– Men bu oglanlaryñ zehiniñ öýjügidigini görenimden bildim. Gaşlak öz işiniñ ussady, onuñ eline düşen özüñ bolma... Aksakgallar
meselesinde meniñ diýýänim: goltuklaryna bir zat gysdyrmasañ, olar
Halk Maslahadynyñ bolup geçendigini ertesi unudýarlar. Akly çaşan
gojalar-da. Düwünçek bermeseñ, hiç zat ýatlarynda galanok, öýlerine-de gidesleri gelenok. Bu ýurtda Azyýany gaýtadan gurmak bize
añsat düşjek däl, para berip tozup gitmesegem biri...
– Käşgi biziñ başga çykalgamyz bar bolsady... Kofe!
– Jenap ýoldaş Prezident, ilerki goñşularymyz size ýörite çaý demläp iberipdirler – gözüñe söweýin guşdyrnak çyn çaýy! Meniñ diýenimi etseñiz, çaýdan daşlaşmañ, ýüregiñiz çydamaz. Ewropanyñ
harytlaryny ýurda goýberseñiz, olaryñ yzy bilen ol ýeriniñ düzgünleri-de bu ýere geler. Bilip goý: ilki zat gelýär, soñra-da – ýat düşünje.
Günbataryñ başyndan inen belalardan sizi diñe ol ýurtlara belet kişi
gutaryp biler. Atam pahyr meni ol ýerde okatmak üçin ruhuny şeýtana bagş etmeli bolupdy. Ýöne ol: ”Men munuñ üçin birjik-de ikirjiñlenip durmadym. Sebäbi başga bir alyjy-da üýşüp ýatanokdy” diýipdi. Men Günbatary halamok. Sebäbi ol ýerde adamlaryñ hemmesi
deñ hukukly. Eýsem özüni sylaýana şundan beter kemsitme nämä
gerek?
– Şoña düşünýänleriñ hemmesi biziñ dostlarymyz. Azyýany ýitirdigi – Ewropanyñ özüni ýitirdigidir. Sensiz men näderdim, Larin... –
316
jenap ýoldaş Prezident Larini özüne garşy çekip, onuñ ýylçyr depesinden duýdansyz öllenen dodaklary bilen taýly gezek ogşady.
Lariniñ añrysy bärisine geldi. Ol elýaglygyny çykaryp, duýdurman,
depesini süpürdi, özüne zor salyp gürledi.
– Ah-hem... siz... özüñiziñ niçiksi beýikdigiñize gadyr goýañzok –
adamlary ýygy-ýygydan ogşaýarsyñyz. Munyñyz tarhandökerlik
bolýar. – soñra ol ätiýaçdan öz gepini ýuwmarlady: – Ýöne men size
düşünýän, siz edil dünýäniñ özi ýaly köptaraply. Gezek maña galanda, men öz ynamyma gulluk edýärin: ”Her bir demokratiýa öz gullaryna mätäçdir” diýen akyl hiç haçan könelmez. Demokratiýa näçe
kämil boldugyça, öz gullaryny şonça-da uzakdan tutunýar. Diýmek,
halkyñ tabynlygy biziñ ikimize deñ gerek. Ikimizi diñe ölüm aýryp
biler. Şundan añrysyny planlaşdyrmak – ýöwsellik bolar.
– Ah, Larin, dünýä dursun, sen dur! Men seniñ şanyña başga
näme diýeýin? Men özümiñ bir agşamy şahsy durmuşym üçin
mähriban halkymdan ogurlamaly boljagyma utanýaryn, ýöne
nädeýin, menem adam ahbetin!
317
17. Ogurlanan agşam
Bagtlylaryñ nämüçin özleriniñ bagtlydygyny düşündirip bilmeýşi
ýaly, betbagtlar-da özleriniñ nämüçin betbagtdygyny düşündirmekden asgyn gelýärler. Olar bu hakynda diñe pikir öwrüp bilerler. Eýsem bagtyñ hem betbagtlygyñ gözbaşy nirede? Muny nädip bilmeli?
Çäklendirilmedik häkimlige ymtylan we bu kötel ýolda adamlara
ynamyny ýitiren, iñ soñunda-da ýalñyz galan kişi öz ruhundan daş
düşmezmi? Iru-giç özüni geçmişden hem geljekden agtaryp, töweregine aljyraññy garanmazmy?..
Jenap ýoldaş Prezidentiñ şahsy durmuşy ugruna barmady, belki,
şondandyr ol gitdigiçe adamlardan özüni saýlap, nazaryny belentlige
gönükdirmegi endik edindi. Gökde gijesine ýyldyzlar, Aý, gündizlerine – Günüñ otly halkasy görünýär. Ýyldyzly asman ony gitdigiçe
beter özüne çekýär, ýere seretse, ýüregi gysýar, eýsem ýerde gözüñ
äginerlik näme bar? Adamlar ony barha beter irizýärler. Ýalñyz galanda, ol öz kalbyny nähilidir bir adatdan daşary, köki ýerden uzakdaky güýjüñ gurşap alýandygyny syzýar, hyýalynda arşyñ gatlaryna
çykýar. Göwnüne bolmasa, ol ýerdäkiden tapawutly, başy ölümlileriñ hiç haçan şaýat bolup bilmejek güýçleri bilen goşulyşýar. Kätede, tersine, göwnüne bolmasa, Ýeriñ üstünde onuñ bir özi adam,
beýlekiler – mör-möjekden enaýy däl, ownuk bolup görünýärler.
Garaz, her niçik bolanda-da, öz oýlarynda oña adamlary özi bilen
deñ derejede goýmak barha kyn düşýär. Bu jedelsiz, üstesine-de bu
duýgynyñ güýçlenmegi dowam edýär. Soñky döwürde ol adamlardan gitdigiçe beter ýadaýar, olar öz irginsiz talaplary bilen onuñ degnasyna degýärler. Dogrusyny aýtsañ, bu meselede ol öz dostlaryndan
duşmanlaryny has eý görýär. Duşmanlar hakynda gündelik hem juda
köp gürrüñ edilýändigine garamazdan, ol olar bilen seýrek ýüzbe-ýüz
bolýar, duşmanlary oña artyk ýük däl, olar emelsiz, nalajedeýin, diñe
ýüregiñi awatmaga mynasyp! Dogry, bir wagtlar ol öz garşydaşlaryndan öler ýaly gorkardy, olary mekir, hilegär, güýçli, atyşmagatutuşmaga türgen, islendik wagt öz elinden häkimiýedi gañryp alyp
biljek adamlardyr öýderdi. Emma munuñ beýle däldigini indi ol anyk
bilýär. Olar indi onuñ ýüreginde añry gitse – ýigrençli goşançlyk
318
duýgusyny oýarýarlar. Eger ol jenap ýoldaş Prezident bolmadyk
bolsady, onda, belki mätäçlere haýyr-yhsan kömegini edýänleriñ
arasyna goşulardy, şonda, belki, ol öz syýasy garşydaşlaryna-da,
başgaça pikirlenýänlere-de ýagşylyk etse ederdi. Ýöne häzir onuñ
muña ne wagty bar, ne-de islegi. Öz duşmanlarynyñ häkimiýede dälde, eýsem adamkärçilik kömegine has beter mätäçdigini ol indi gowy
bilýär. Onuñ ynjalygyny gaçyrýanlar duşmanlary däl-de, eýsem atsyz-owazasyz tarapdarlarynyñ sülsady. Olar ondan iýmit, aýakgap,
geýim-gejim hantama, gündelik ondan nämedir bir zada garaşýarlar,
kellesini agyrdýarlar, wagtyny alýarlar. Onuñ bolsa, bar zady undup,
arşyñ gatlarynda perişde kimin erkin gaýyp ýöresi gelýär, ýerdäki
aladalaryñ öz aýagyna duşak bolmagyny islänok. Gepiñ keltesi, onuñ
bagtly bolasy gelýär. Ýöne erkek tohumynyñ içinden diñe seni
saýlap tutan wepaly aýalyñ gyzgyn söýgüsi bolmasa, nädip bagtly
boljak? Ýerdäki Hudaýyñ ornunda oturyp, ol başy ölümlileriñ arasyndan beýle saýlantgysyny nädip tapmaly? Asla bu mümkinmi?
Belli däl, ýöne onuñ synanyşyp göresi gelýär. Şonuñ üçinem ol bu
gije ýene Enara garaşýar. Belki-de, ahyrsoñy onuñ bagty getirendir?
Iñ bolmanda häzire çenli-hä Enar öz janyndan gorkup onuñ düşegine
girýändigini syzdyranok. Ol hem näzik folklor tansçysy, hem onuñ
sessiz-üýnsüz gyrnagy, hem suýasy pikirdeşi bolup biljege meñzeýär. Belki-de oña töweregindäkiler üçin öñküsi ýaly Hudaý derejesinde galyp, şol bir wagtda-da bu aýal bilen panynyñ iñ gizligin
aýşy-eşretlerini boýlap, olardan adaty adamlaryñky ýaly lezzet almak
bagty miýesser eder? Ýañy ýüzi ýyrtylan bu ýaş maşgala oz näzikligi, ýakyp-ýandyryp barýan ody, agraslykdan – alçaklyga, salykatlylykdan – köçe gezen jenanlara mahsus utançsyzlyga çenli baryp
ýetýän, soñra-da, gerek bolsa, derrew ýene yzyna öwrülip duran gylygy bilen onuñ ýüreginiñ özgelere başartmadyk, hiç haçan-da başartmajak çuñluklaryna aralaşmagy başardy. Başdan-aýak gymmatbaha nepis eşik geýnip, ýa-da, tersine, näzik tenine ”üf!” diýseñ,
ülkeden aşjak añrysy görnüp duran matadan gysgajyk köýnek iltäp,
çöl jereniniñ seýkin basyşyny edip, öñünden kemsiz taýynlanan türgen hereketleri bilen golaýlap gelende, birdenkä-de, sen-men ýok,
egni köne-küşülli, gedaý aýalyñ sypatynda öz öñünde peýda bolanda,
onuñ hut demi tutulýar. Ýüreginde harasat gopup, ýönekinden hiç
319
haçan üsti açylmajak, başbermez, bulanyk duýgulary bäriligine ýagty
dünýä garşy dyzaýar.
Eger-de Enar gitdigiçe onuñ mähriban enesi, mukaddes Gursoltana
meñzäp gidip oturmadyk bolsady, onda ol onuñ ýüreginiñ düypsüz
çuñluklaryna aralaşyp bilmezdi, – hökümli hem elýeterli, boýnegiji
hem sypjyk, owadan hem eleşan… – onuñ her bir hereketi jenap
ýoldaş Prezidentiñ kalbyny lerzana getirip, bütin süññüni sarsdyrýar.
Ejesi-de edil şeýle sypatda ebedilik onuñ ýadynda galdy. Çagalyk
hem has soñky düýşlerinde ol elmydama ejesiniñ adyny tutup, yzyndan el serip galýar, ejesini özünden daşlaşdyryp, sähralyga garşy
alyp barýan atarabanyñ yzyndan tä usurgaýança ylgap, soñra-da
gözýaşyna ezilip oýanýar. Dogrusy, ol düýşünde nämüçin atarabanyñ
ejesini sähralyga alyp gidýändigine düşünip bilenok, hakykatda bu
başgaça bolupdy ahyryn: ejesi ony elinden tutup, şäheriñ çetindäki
ýetimler öýüne getirdi-de: ”Sen şu taýda oýnaber, men derrew gelerin!” diýip, höre-köşe bilen bir özüni taşlap, hemişelik ýitip gitdi.
Ýöne nämüçindir düýşlerinde ol hergiz arabaly daşlaşyp gidýär, arabany çekýän atyñ üstünde-de, nätanyş bir murtly erkek otyr, özem ol
kişi gözden ýitmezden ozal, her gezek egniniñ üstaşyry oña yzgytsyz
seredip ýetişýär, gözýaşyna boglup duran kiçijek, ejizje oglanjygy
albassydan enaýy görmeýändigini duýdurýar. Soñra murtlak aty
gamçylaýar, arabanyñ tigirleri jygyldap, zaryn seslenýär, ol bolsa,
ellerini serip ejesiniñ yzyndan ylgaýar: ”Gitme, gal, arabadan düş!
Meni ýeke goýma, men gorkýan!” Ejesi oña düşnüksiz öýke gatyşykly mähir bilen seredýär, dymýar, iñ soñunda-da: ”Men daýyñ
bilen pata görnüp geljek.” diýip, ýazykly dil ýarýar. Düýşünde ejesi
oña hiç haçan men yzyma gaýdyp gelerin diýip wada berenok, hiç
haçan!..
Ol oglanjykka başyndan geçen zadyñ düýşündäki görýäni bilen
nämüçin tapawutlydygyna hiç düşünip bilenok, ejir çekýär; kellesine
şunça agram salsa-da, murtly daýysynyñ bardygy-da ýadyna düşenok, ýöne ejesiniñ entek kakasy dirikä, käte onuñ çetine degýäni
düýş ýaly ýadynda: – ”Nämüçin illerde murt bar, sende ýok?”, kakasy: – ”Oña derek meniñ aýalym iliñkiden owadan!” – ”Görsene,
aýaly iliñkiden owadanmyş! Täzelik aýtdy, käşgi men ony bilmeýän
bolsam…” Şondan soñ kakasy onuñ göz öñüne gelenok, ýadyndan
çykyp gidýär. Hojalyk ejesiniñ eline geçýär, ol bolsa: utanjañ hem
320
hökümli, hökümli hem utanjañ. Düýşünde ol ejesine ”Meni ýeke
goýma!” diýip ýalbarsa-da, hakykatda ol oña ynanyp, ýat ýerde galdy. Emma ejesi ony aldady, oña dönüklik etdi, gaýdyp yzyna köwlenmedi. Ýat aýallaryñ biri geldi-de, elinden tutup, ony şondan soñ
ençeme ýyl ýaşamaly bolan nätanyş howlusyna saldy. Bu howluda ol
aç ölmedi, ýöne, gören güni-de ýok: özi ýaly enesiz-atasyz oglanlaryñ arasyna düşüp, itiñ art aýagyndan suw içdi! Özünden ekabyrlaryñ hyzmatyny etdi, işi jorap ýuwmak, iliñ ýorganyny ýygnamak
boldy, ýumruklap, içkisini ýuwduranam tapyldy, ol, elbetde, boýun
egmejek bolup gördi, ýöne, kötek güýçli bolsa, ýüñ gazyk ýere gitmezmi?
Bu ýat öýde oña dözmezlik eden diñe başda elinden tutup howla
salan aýaldy, düýşürgäp, ýakasyny gözýaşyna ezip turanda, käte
onuñ başyny sypan ýene şol boldy. Ol ony dura-bara ejesine meńzetdi, ońa imrikdi, ýöne asman gözli bu mährem aýal-da, has sońrak
Larine öwrülip dolanyp gelmek üçin, bir günden bir gün onuń durmuşyndan sessiz-üýnsüz gaýyp boldy. Emma tä şoña çenli ol öz
galagoply düýşleri hem ony eljiretmezine tutan durmuş bilen ýekmeýek galdy: düýşünde murtly kişi ejesini ýesir edip, atarabaly äkitse,
huşunda özünden ekabyrlar degnasyna degdiler. Netijede onuñ gözünde güýçlüden hemişelik gorky galdy, onsoñ ol hiç haçan dagyduwara özünden ökdä ynanmady, ynamsyzlygyñ – gorka, gorkynyñ
ýigrenje öwrülmegi kynmy nä?
Çagalyk düýşleri ony şindi-şindem yzarlap, gynap ýör, ol basyrganyp, hemişekisi ýaly ejesiniñ yzyndan el serip, gygyryp oýanmagyny
goýanok. Beýle pursatda indi Larin oña enäniñkä berimsiz mähir
bilen garaşyk edýär, başyny sypap, başardygyndan ýakymly sözler
bilen köşeşdirýär. Şeýle pursatlarda ol Larini uçursyz gowy görýär,
ejiz hem goragsyz haýwan balasynyñ tebigy söýgüsi bilen oña berilýär, ony hossar tutunýar. Jenap ýoldaş Prezident özüniñ bu söýgüsini Larinden gysganmaly däldigini bilýär, entek Larini bu söýgi
bilen apalaýarka, öñünden sowlup bolmajak gorkynyñ öz başyndan
inmejekdigine gowy düşünýär, diñe bir düşünmegem däl, muny hut
on iki süññi bilen syzýar…
Ejesi-de hiç wagt onuñ ýadyndan çykanok, onsuz bir güni-de geçenok, ýöne ol onuñ ýadynda bir wagtda: owadan hem betnyşan, mähirli hem ähdiýalan bolup galypdyr. Şol sebäpdenem jenap ýoldaş
321
Prezident ony eý görjegini-de, ýatlaman oñjagyny-da, hudaýlaşdyrjagyny-da ýa-da, tersine, ýere sokjagyny-da bilip bilenok. Bu onuñ
üçin çözgüdi garañky matal. Netijede gursagynda onuñ bilen baglanyşykly aýdyp-diýip bolmajak güýçli hujuw möwjeýär, bu hyjuw
onuñ ýaşyryn duýgularynyñ jemine öwrülip bilen islendik aýaly
ýakyp-ýandyryp biljek. Enar özüniñ günüñ güni gylyjyñ päkisiniñ
ýüzünde ýöräp ýörendigini, ölüm bilen ýaşaýşyn arasyndan ýol
salýandygyny gümanam edenok…
Bu gije jenap ýoldaş Prezident ýene-de Enara garaşýar. Onuñ öz
ýüregini nämüçin beýle çuññur gozgap bilýändigine häzirlikçe oña
düşünmek kyn. Munuñ üçin wagt gerek. Garradygyça adamynyñ öz
aslyna golaýlaýandygyny, elbetde ol ozal eşidip görüpdi. Ýöne mesele diñe şundamyka? Enaryñ onuñ öz geçmişini ýatladýanlygyndamyka?..
Edil şol demde Enar eli gyzgyn çaýly çäýnekli Köşgüñ iñ içki otagynyñ bosagasyndan bärik ätledi, sülmüräp, gapyda eglendi. Bir
wagtlar, ol entek başy päki bilen syrylgy oglanjykka, ejesi – mukaddes Gursoltan añzakly günler gaşlaryny aýaza çirkizip, öz çagalaryny
tas dilegçiniñ gününe laýyk, garypja agşamlyk berjek bolup, ojakda
çaý gaýnadyp, soñra eli bugaryp duran gyzgyn gara tüñçeli içerik
girerdi. Ol döwürde nirelerdedir bir ýerde aýylganç Jahan urşy
barýan ekeni, jenap ýoldaş Prezident muny soñ-soñlar bilip galdy;
belki ony atasyndan müdümilik aýran-da, eneli ýetim goýan-da şol
näletsiñmiş urşdur? Ah, diñe şeýle bolanlygynda, onuñ ömri, gör,
nähili düşnükli bolardy…
Bu gün aýratyn syrly geýnip, bu topragyñ köne däbine görä, aşaky
dodagyna ýukajyk ýaşmak alan Enar bäriligine garşy ýene birnäçe
ädim ädip, onuñ ünsüni gutarnykly özüne çekdi. Jenap ýoldaş Prezident kümüş dyrnak alynýanyny gapdala oklap, ejesi, mukaddes Gursoltanyñ ýylgyrmasyny edip, eli zerli hum çäynekli özüne ýakynlaşyp gelýän Enara kaýyl galyp seretdi. Birdenkä-de gelniñ elindäki
zerli käseleriñ biri ýere gaçyp döwüldi, otaga çyn jäjiniñ owazy ýaýrady.
Jenap ýoldaş Prezident ýerinden turdy.
– Seniñ eliñden gaçyp döwlen käse bagtyñ buşlukçysydyr, Enar!
Seret, dos-dogry dört bölek: biri Aý, biri Gün, biri men, biri-de sen!
Gel, bileje oýnaly! Iki jäç maña, ikisi – saña... Utanma, gel, bärik,
322
entegem ýakynrajyk... ana, şeýle... Gel, ikijigimiz döwlet işini edeli.
Bilýäñmi näme, döwlet işinde esasy zat ýurdy dolandyrmak däl,
adamlary aýlandyrmak. Şonda olar sen döwleti dolandyrýansyñ
öýdýärler, düşündiñmi? Ah, meniñ akyllyjam, sen düşünmän, maña
kim düşünsin? Sen pikir etme, men Abady halamok, onuñ ömri kelte
boljaga meñzeýär, men bolsa halys ýasdan iripdirin. Göwnüme bolmasa, saña golaýlaşdygymça, öz geçmişime ýakynlaşýaryn, sen meniñ ejeme meñzeş, şeýle bir meñzeş, her göremde inim dyglap
gidýär, ah, meniñ mähriban ejem, mukaddes Gursoltan! Aýagymdan
başla-da, owkalaber, utanma, döwlen käsäniñ gaýgysyny etme, döwlete ýolbaşçylyk etjek bolsañ, ýiten zada gynanmaly däl, ony nädip
öz peýdaña ulanyp biljekdigiñi pikir etmeli. Ine, meselem, sen häzir
eliñden gaçyryp, tötänden bir käse döwdüñ, şeýle dälmi? Ol altyn
çaýylandy, gymmatdy, ýöne indi oña gynananyñdan ne peýda? Gowusy, bu hadysany il bähbidi üçin nädip ulanyp boljagyny oýlanmaly! Nädeñde döwlen jäjiñ owazy ile peýda berer? Tapdym! tapdym!
Derrew Larine ýetir, goý, ol milli telewideniýäniñ aznawur habarçylaryny çagyrsyn-da, jäjiñ owazyny ýazgy etsin, onsoñ ony ertiragşam halka görkezip dursunlar, bu biziñ çäýnek-käsä zar bolup,
agaç susakdan çaý içip oturan halkymyzyñ zerur islegini kanagatlandyrar. Goý, olaryñ jäjiñ owazyndan gulagy gansyn! Ýöne özüñ derrew gel, meni garaşdyrma, sen maña öýñüzden mampaza getirdiñmi?
Larin meni mampazasyz goýýar, ol maña düşünenok...
Enar jenap ýoldaş Prezidentiñ islegini şol demde ýerine ýetirdi,
soñra yzyna gaýdyp gelip, haly bukjasyndan bir gapyrjak mampaza
çykardy.
– Size daşky otagda daşary ýurt ilçileri garaşýar.
– Bar, aýt, goý, olar maña ippodromda garaşsynlar. Men ol ýere at
çapyşygyna tomaşa etmäge barjak, şonda işimiñ başymdan agdykdygyna garamazdan, men daşary ýurtly doganlarymyzy kabul ederin,
şeý diý-de aýdaý. Sen olara bir halk tansyny-da edip ber, goý, göwünleri açylsyn, ýogsam olar soñ bolgusyz gürrüñ ederler. Bilýäñmi
näme, olar meni äsgermejek bolýarlar: ”Ýurduñ bütin territoriýasyna
kontrollyk edip bilenok” diýýärler, ýöne sen muña ynanma, men
olaryñ gözlerine görkezerin! O nähili men kontrollyk edip bilemokmyşym? Larin bu töhmede basym döwlet derejesinde gaýtawul berer! Ýöne tans edeñde, ýaşmagyñy açmagyn, ikimiz hakynda erbet
323
zady pikir etmesinler! Men indi bagta garaşmakdan ýadadym, seniñ
hatyraña öz dünewi döwletimde köpaýallylygy girizmeli bolarmykam diýýärin. Şonda meniñ öz ýurduma doly erk edýändigimi hemmeler görer! Üstesine-de, bu meniñ sosial bazamyñ gerimini giñelder. Ah, meniñ guşjagazym, belki-de, seniñ üçin köpärlilik girizilse
bähbitlidir? Ýöne bu ýurtda saña menden başga düşünjek bardyr
öýdemok. Muña hatda Larinem düşünmez... – ol küti dodaklaryny
Enaryñ gulagyna degirdi, – onsoñ ikimize kimdir birine añsat aw
bolmak nämä gerek? – gelniñ näzik dodaklaryndan aşak sypyrylan al
öýmesiniñ ujuny ala gözleriniñ aşagyna deñeç öz eli bilen ýokary
galdyran jenap ýoldaş Prezident süýji gerindi. – Seni gören gelmişekler meniñ ýurduma aşyk bolarlar. Tans edip bolañsoñ, edep bilen
epilmegi unutmagyn, bu olaryñ göwnüne aýratyn gowy ýarar, eýjejigim!
Şondan soñ jenap ýoldaş Prezident agzyna bir gysym mampazany
atdy-da, ýurduñ ykbaly barada çuñ oýa batdy. Enar onuñ halka gerekli pikirlerini bozman, otagyñ burçundaky gymmatbaha kürsüniñ
içine hem basym bitjek arzuwlaryna boýa-boý çümüp, gözlerini süzdi.
– Oýan, tur, Enar, men ähli meseläni çözüp boldum. Sen, bar-da,
Larine aýt, goý ol ýarym sagatdan meniñ ýurdumda süýrgünortan
bolandygyny hut şu wagt yglan etsin. Projektorlarymyzyñ güýji günortanyñ ýagtysyna ýetmese, onda ikindin diýäýsin.
Ymgyr gijäniñ içinde, dogry ýarym sagatdan ýurtda günortanyñ
zañy urdy. Ippodroma ýygnanan halk hyñ berýärdi, adamlar bütin
görnüşi bilen gündizligi alamatlandyrýardylar, äpet çyralar gijeligi
dyr-pytrak etmäge dyrjaşyp, oturanlaryñ üstünden sowuk şöhlesini
çogdamlap guýýardylar. Tomaşaçylar özlerine timar bermäge ýetişipdirler, emma olaryñ ýellenen gabaklary ýarygijäni aldamagyñ
mümkin däldigini görkezýärdi.
Mikrofonyñ öñüne geçip:
– Men öz halkymy gowy görýärin! – diýende, güýçli çyralaryñ
aşagyna düşen jenap ýoldaş Prezidentiñ bäbegiñki ýaly ýylmanak
duluklaryndan hemişekisi ýaly äpet der damjalary paýrap döküldi.
Soñra ol öz söýgüsini umumylaşdyrma derejesine deñeç ýokary göterdi: – Biz, ýagny Bütin dünýäniñ jenap ýoldaş Prezidentleri, öz
halklarymyzy ölemen gowy görýäris, biz olary hiç kime bermeris!
324
Hiç kes biziñ halkymyzy bizden artyk söýüp bilmez, diñe bozgaklar
hem päliýamanlar biziñ halkymyzy bizden beter söýmäge milt edip
bilerler. Men gije-gündiz Alladan özüme uzak ömür dileýän, sebäp
diýseñ meniñ öz mähriban halkyma uzak ýyllar başyma täç edesim,
ony ýeñişlerden ýeñişlere alyp gidesim gelýär. Ýöne halkymyñ meni
gowy görşi – zadyñ çaky däl, halk meni gözüniñ görejine deñeýär.
Ine bir ýönekeýje mysal, ony size ýurdumyzyñ meşhur folklorçysy
Enar jar eder. Siziñ öñüñizde şöhratly Ena-a-ar!
Jenap ýoldaş Prezidentiñ iñ ýokary hünärli ökde artistleriñ derejesinde aýratyn dabara bilen yglan eden bildirişi märekäni heýjana
getirdi. Uzyn-uzyn gaty oturgyçlarda ornaşan märeke edil dälirän
ýaly bolup el çarpýardy. Bu şowhun daşary ýurtlulary ukudan açdy.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ örän ýerlikli belleýşi ýaly, biziñ halkymyz öz ogluny tüýs ýürekden söýýär. Bu mukaddes ippodromda men
halkymyzyñ onsuz bir günem, bir sagadam ýaşap bilmejegini kasam
edýärin! Adamlar ör turup, ýeke-ýekeden hem bilelikde kasam etdiler. Soñra Enar goltugyndaky haly bukjasyndan bir petde kagyz çykardy-da, dözümli mylaýym ses bilen ýene-de gijeligi böwüsdi: –
Jenap ýoldaş Prezident, Çarwanyñ babadaýhanlary sizi sekizinji suw
baýramyna çagyryp, telegramma iberipdirler. Ynha, olaryñ umumy
çakylygy, ine, bular bolsa, oba adamlarynyñ aýry-aýrylykda ýollan
çakylyklary. Olar iýmän-içmän, siziñ ýoluñyza göz dikýärler. Halk
sekizinji suw baýramyny sizsiz tutmak islänok, olar siziñ nurana
ýüzüñize zar, merhemet ediñ, halkyñ gözüni ýolda galdyrmañ!
Jenap ýoldaş Prezident çakylygy kiçigöwünli kabul etdi:
– Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez!
Soñra hemişekisi ýaly halkyñ gürrüldili elçarpyşmasyndan lezzet
alyp, ol gözlerini süzdi-de, kemsidilen çagalyk döwrüniñ galagop
ýatlamalaryna çümdi. Şonda ejesiniñ özüni idirdedip, ýetimler öýünde taşlap gaýdyşy, ol ýerde özüniñ ekabyr oglanlaryñ içki geýimlerini, joraplaryny ýuwup oturyşy onuñ göz öñüne geldi, ”erbet ýuwupsyñ” bahanasy bilen özüne ýürekbulanç süýkenişleri ýadyna düşende, hamsykdy, göz ýaşyny sylanyny duýmady: ”Ah, ejem jan, mukaddes Gursoltan!” diýip, samrady. Bu agyr ýatlamalardan ony märekäniñ güwwüldisi oýardy.
– Bu tozan näme? – ol gözlerini owkalady. – Çapyp barýanlar atmy
ýa eşek? Hany daşary ýurtly doganlarymyz?
325
– Bu çapyp barýanlar atlar... – Larin mylaýym ýylgyrdy. – Daşary
ýurtly doganlarymyzyñ aladasyny özüm ederin.
Aýlawa siñe sereden jenap ýoldaş Prezident çapyp ýören janawarlaryñ eşek bolaýmagynyñ ahmaldygyny güman etdi, ýöne Larin
diýýän bolsa, alajyñ näme, olar hökman atdyr. Daşary ýurtlularyñ
jyñky-da çykmaz, olar Larine boýun. Eşekleriñ atdygyny we biziñ
ýurdumyzda milli demokratiýanyñ gurulýandygyny olara eýýäm
düşündirendir. Eger olar muña düşünseler, bu Azyýa-da, Europa-da
bähbitli bolar.
– Eşek – eşekdir-dä, birden aññyraýsa nätjek: şu çapyşykdan soñ
olaryñ hemmesiniñ agzyna torba geýdiriñ!
Jenap ýoldaş Prezidentiñ gury dodaklary hökümli gozganan dessine:
– Daşary ýurtlularyñmy? – diýip, Diller institutynyñ müdiri professional alada bilen gyzyklandy.
– Ýok, eşekleriñ...
Gaşlak suslandy.
Şondan soñ eşekleriñ hemmesine iki çapyşygyñ arasynda ýekeýekeden at derisini geýdirdiler. Ol derileri et kombinatyndan, bedewleriñ ete geçirilýän ýerinden jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagulagy
bilen alyp geldiler. Çapyşykda eşekleriñ haýsydyr biri büdräp ýykyldy-da, harrylda tutdy, agzy gum garbady, ol dyzyna galjak bolup,
küpürsäp ýatan gumy peşäp, gazap bilen naýynjar hynçgyrdy, çünki
büdrände onuñ agzynyñ sargysy gaçan ekeni. Muny gören hökümet
işgärleriniñ hemmesi betbagt eşegiñ üstüne eñdiler; hynçgyrmasy
aññyrma ýazyp ýetişmänkä, gyra çekip, hökümet adamlary onuñ
damagyny çaldylar. Hyrly Durgur eşegiñ damakganynyñ üstünde
tragiki pozada durup, ”Bedew sen!” atly elegiýasyny ýazdy. Jenap
ýoldaş Prezident gullugy çapyşygyñ dowamynda bu elegiýany aýratyn kitap görnüşinde zerli harplar bilen neşir etdi, onsoñ Hyrly Durgur ony döwletiñ adyndan daşary ýurtlulara daşary ýurda äkitmäge
ýadygärlik berdi. Myhmanlaryñ minnetdarlyk bildirjek bolany-da
şoldy welin, onýança edil ýerden çykan ýaly bolup, olaryñ ýanynda
saçy tekiz syrylan bir okyjy peýda boldy.
– Ynanmañ! – diýip, ol ýangynly pyşyrdady. – Men onuñ neşir
etdirýän kitaplaryny okap, akylymdan azaşdym. Onuñ soñky romanynda, meselem, bir öýde üýşüp jenap ýoldaş Prezidentiñ saglygyna
326
içip otyrkalar gahrymanlaryñ biri daşaryk buşukmaga çykýar-da,
gaýdyp yzyna gelenok, ýitip gidýär. Men ilki onuñ haýsydyr bir günäsi bardyr öýtdüm, özüñiz bilýäñiz, biziñ ýurdumyzda ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” Emma hormatly ýazyjymyz Hyrly Durguryñ täze romanynda jenap ýoldaş Prezidentiñ bu beýik ýörelgesi
gödek bozulypdyr. Düşünýäñizmi, edebi gahryman daşaryk siýmäge
çykýar-da, ýitirim bolýar! Ýagny, bu gahryman ýatdan çykypdyr we
netijede ol öz çekmeli jezasyny çekmän gutulýar. Bu barada men
eýýäm degişli edaralara hat ýolladym, olaryñ ünsüni bu aýylganç
waka çekmek başardar diýip umyt edýärin, diñe tarpa-taýyn ölmesem
bolany, meseläniñ düýbüne ýetjekdigime ynanýaryn. Biziñ ýurdumyzda beýle eden-etdiligiñ bolmaly däldigi anyk, jenap ýoldaş Prezidentiñ ölmez-ýitmez taglymaty eýsem munuñ mizemez subutnamasy dälmi nä?!
Okyjy takyr kellesini hartyldadyp gaşady, ýene-de nämedir bir möhüm zady diýmäge çemelendi, ýöne ýazyjynyñ ondan öýkeländigi
bildirdi, sebäbi onuñ yşaraty boýunça okyjynyñ bokurdagyny mylaýym owkalap, bu ýerden alyp gitdiler.
Hökümet adamlary daşary ýurtlulara at çapyşygyndan lezzet almalydyklaryny myhmansöýüjilikli ýatlatdylar. Bu wagt bäsleşik gyzyşyp, tozan dik asmana galýardy. Tötänden eşekleriñ ýaryşyna düşen
bedewden başga ähli bäsdeşler gezekli-gezegine birinji baýragy aldylar; at janawara beýle bagt ýetdirmedi, sebäbi eşeklerden saýlanyp,
olaryñ syryny açmazlygy üçin oña-da ham geýdirdiler; ol ham-da
oña halys dar bolup, gysyp-gowrup alyp barýardy, onsoñ bäsleşikde
at eşekleriñ tozanyny-da eýgermedi. Çapyşyk gutaransoñ baryp görseler, at janawar namysdanmy ýa-da eşekleriñ tozanyndan demigip
ölüpdir-de, aýlawda häliden bäri öli atyñ gäbi haltyldap aýlanyp
ýören bolsa nätjek.
Larin daşary ýurt delegasiýasyny alyp, Köşge ugrady. Jenap ýoldaş
Prezident halkyñ arasynda galdy, onuñ öz halkyndan eger bir sagatda aýrylasy gelenokdy: at çapyşyk gutarsa, it urşdurar, itler birbiregiñ gulagyny-burnuny goparyp, bogazlaryny çeýneşensoñlar,
bedenä geçer, bedeneler güýçden gaçsa, horaz urşdurar! Aýyn bolmasa: ”Gorkmasañ, onuñ gulagyny elle!” diýip, oglanjyklary biri
biriniñ üstüne küşgürer, garaz, gyrlyşdyrara gara tapsa, il içindedir.
Jenap ýoldaş Prezidentiñ öz iti-de ýaryşa goşulýar, onuñ yzgytsyzly327
gy görlenden däl, garşydaşlarynda gulak-guýruk goýanok, ýapyşan
ýerini alyp düşýär. Jenap ýoldaş Prezident itine tüýs ýürekden guwanyp: ”Ine, öz duşmanlaryñy şeýle dalamaly!” – diýip gyjynýar, göze
görünmeýän syýasy garşydaşlaryna haýbat atýar, emma it urşy gutaryp, onuñ daşyny minnetdar mähelle alanda, ýüregi ýumşaşyp: –
”Ýeri bolýar, meniñ garşydaşlarym aç ölse-de bolar” diýen oñşukly
pikire gelýär. Bu wagt welin, ol gabyrdaşyp, gazaply gemrişýän gazankelle köpeklere tomaşa edip oturyşyna Musadyr Lariniñ daşary
ýurtlular bilen näme gürrüñiñ başyny agyrdýandygyny biljek boldy:
”Larin hiç kimden pes düşmez – ol mañlaýny sylyp, dogup gelýän
Güne seretdi. – Larinsiz, meniñ mermer Köşgümiñ çarwanyñ çatmasyndan tapawudy nä?!”
– Nämüçin siziñ ýurduñyzda ähli ýerde şol bir perdeden saz çalynýar, şol bir aýdym ýañlanýar? – daşary ýurtlularyñ biri Köşge
barýarkalar Larinden ätiýaçly sorady.
Larin myssa ýylgyrdy.
– Sebäbi biz eýýäm gerekli sazy düzdük, gerekli aýdymy ýazdyk,
zerur perdäni-de tapdyk. Bize indi diñe täze-täze aýdymçylar gerek.
Näçe köp bolsa, şonça-da gowy. Bu ýurtda adam akyly kesjek açyşlaryñ hemmesi bireýýäm edildi, indiki ösüş diñe jenap ýoldaş Prezidentiñ gudratyna bagly. Ýagşy... – diýip, ol Köşge gelensoñlar daşary ýurtlulara ýüzlendi, – siziñ maksadyñyzy bilmek biz üçin örän
gyzykly. Çünki biz garaşsyz hem baky bitarap ýurt, entek aýak üstüne galýançak, demimizi dürseýänçäk azyndan ýüz ýyl wagt gerek.
Men size bir Gündogar tymsalyny aýdyp bereýin – meniñ öler aşym
Gündogar tymsallary – olarda bize gerek parasat bar. Hawa, ana
onsoñ, ýañky aýdyşym ýaly, ir döwürde Ependi gawun ogurlygynda
garawula üstüni gapyl basdyrypdyr. Sypara ýer galmansoñ, ol çermegini sypyrypdyr-da, beýlesindäki sygyr lapbyjyñ üstünde çommalyp oturyberipdir. Añyrdan gelen garawul muny görüp: ”Ýeri, molla
Ependi, günortanyñ garañkysynda bakjada sümsünip ýörmäñ näme?”
diýip herrelende, ol: ”Men meýdan edip otyryn” diýip çyglypdyr.
”Onyñ sygyr lapbyç ýaly-la” diýip, garawul onuñ üstüne abanyberipdir welin ol: ”Eýse, sen nä maña adam şekilli meýdan etmäge
wagt berdiñmi!” diýip, aşakdan ýokaryk onuñ üstüne herrelýärmiş.
Biz öz ýurdumyzda demokratiýany ýokary depginde gurýarys,
ynanmarsyñyz, iş şeýle bir gyzgalañly gidýär welin, hatda käte gülüp
328
kese ýykylaýmaly zatlar bolýar. Ine, meselem, bizde eýýäm ösen
demokratiýanyñ bardygyna garamazdan, entek özümize demokratik
partiýanyñ biledinem çap edip ýetişemzok, agzalyk salgydymyzy
öñki kommunistik biledimiz boýunça töleýäris. Meniñ sizden ýekeje
haýyşym: jenap ýoldaş Prezidente ynanyñ, onsoñ bizem size ynanarys.
Daşary ýurtlularyñ iñ ýaşy sorag bermän durup bilmedi.
– Aýtsañyzlañ, siziñ ýurduñyzda öñ dine ýnanmak, aýat-töwir gadagandý, indi ýagdaý nähili?
– Siz piliñ gulagynda uklaýarsyñyz. Biz Hudaýa iñ golaý durýan
partiýa. Bütin kommunistik partiýamyz bolup, ýañy-ýakynda Mekgäniñ mukaddes gara daşyna mañlaýymyzy degrip geldik. Biz öz
mähriban halkymyza-da bu mümkinçiligi döretmekçi. Ýöne, özüñiz
bilýäñiz, biz entek ýaş döwlet, halkymyzy uçdantutma Mekgä uçurmaga ykdysady mümkinçilik ýok, şonuñ üçinem biz Käbäniñ gara
daşyny lükgeligi bilen satyn almagy karar etdik.
– Küpür geplemäñ, külli musulmanyñ çokunýan mukaddesligini
ýerinden goparmak bolmaz ahbetin! – diýip, dini başgalar musulmanlarça töwella etdiler. – Käbäniñ üstünden güljek bolmak – külli
günädir. Gözüñiz gapylar.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşgüne getirilmese, indiden eýläk ol
gara daş kime derkar? – Larin ýylgyrdy. – Biziñ pygamberimiz bar,
daşymyz ýok! Enşalla, Alla bizlik bolsa, Mekgäniñ gara daşy basym
bu ýerde gögerer! Onsoñ biziñ ýurdumyz dünýäniñ merkezine öwrüler. Dünýä sary öküziñ şahynda duran bolsa, biziñ bagtymyz-da jenap ýoldaş Prezidentiñ merdana eginlerinde, ol öz ömrüni halkymyza
meýletin pida berýär. Garaşsyzlyk paýlananda, öz paýyny alyp oturyberşindenem siz onuñ niçik garadangaýtmaz adamdygyna göz
ýetirensiñiz. Ol ilki maña: ”Nädeli?” diýdi, menem: ”Gör-dä –
diýdim, – başga çykalga ýok bolaýmasa...” Olam mundan tüýs serdarlarça netije çykardy, aldy-da ony yglan edäýdi. Ine, indi biz allanäme garaşsyz döwlet. – myhmanlar iñlislere çalym edip, biri-biriniñ
ýüzüne syrly seredişdiler, yzyna gulak asdylar. – Biz öz ýurdumyzy
dünýäde iñ dynçlyk söýýän ýurda öwürmekçi, munuñ üçin zerur
zatlaryñ hemmejesi bizde bar: Halk, Watan, jenap ýoldaş Prezident –
Larin gök gözlerini ýaşyl öwüsdirip, daşary ýurtlulara dikdi. – Jenap
329
ýoldaş Prezident ýurdumyzy aýylganç baýatmakçy, bu gizlin syr däl.
Ol eýýäm bu ugurdan başarnygyny görkezdi, özi puldan kösenenok.
– Nädip? – daşary ýurtlular geñ galmakdan geçdiler.
Larin derrew bloknodyna bellik etdi.
– Ýerlikli sorag. Men muny jenap ýoldaş Prezidente ýetirerin. Doganlyk belligiñiz üçin halkymyz size baky minnetdar bolar.
Daşary ýurtlular garşy bolup durmadylar.
– Şeýlelikde... – Larin Musanyñ ýüzüne ne manyly, ne-de manysyz
seretdi, – geçen hepdäniñ sişenbe gününden bäri, ýok, ýok, çarşenbe
gününden bäri, ”Çarşenbe güni çar tarapa!” diýen pähimden ugur
alyp, biz garaşsyz ýaşap ýörendiris, hezil eken-le, öñ bilmän ýörsek
nätjek! Meniñ bir nakyl aýdasym gelýär, bilýäñizmi, bu ýurtda asyl
nakylsyz bir ädimem ätjek gümanyñ ýok, eýläñem nakyl, beýläñem.
Sişenbe güni garaşsyzlygymyzy almagymyza aksakgallar kes-kelläm
garşy boldular, onsoñ jenap ýoldaş Prezident tüýs halkyñ gursagyndan çogup çykan hyjuwy gije düýşünde görmeli boldy, menem ony
derrew – ýormaly. Ana, onsoñ ertesi bütin dünýä şanly wakanyñ
şaýady boldy. Galanyny, ynha, meniñ egindeşim, hökümetiñ jogapkär işgäri, garaşsyz ýurdumyzyñ Baş kanunyny milli ruhumyza ýugrujy komissiýanyñ başlygy Musa Çöli aýdar.
– Biziñ halkymyz aşa gowy halk, ýöne çöli tozdurmasy telek –
diýip, Musa Çöli gapdalyndan geçip barýan çybynmydyr çirkeýe
owsun atdy, ilçiler gozgalañ tapdylar. – Ýöne bu biziñ partiýamyzyñ
günäsi däl, aýry-aýry adamlaryñ günäsi. Aýry-aýrylykda. Çöl hapadan gömük, içi jandarsyz, iýmitsiz, ýok bolsun basybalyjylar!
– Bu ikisiniñ arasynda baglanyşyk nämeden ybarat? – myhmanlar
aýdylany ýazmaga taýynlyk gördüler.
– Biz aç – ana, baglanyşyk!
– Siz indi garaşsyz, baky bitarap ýurt, ýöne ajykmañyz welin,
gulçulykdan habar berýär.
– Hawa-da, janly-jandar bokurdagyndan birzat ötürmeli-dä. Gündelik. Adam ogluna aýlyk-günlük, erk-ygtyýaram gerek, diñe garaşsyzlyk, bitaraplyk bilen oñsa, oña adam diýiljekmi?!
Myhmanlar başlaryny galdyrman, bellik etdiler.
– Biz çykyş ederis.
– Ýöne häzirjek bolup çykyş-ş ediñ, birden biziñ duşmanlarymyz
size-de duzak guraýmasynlar.
330
– Siziñ duşmanlaryñyz kimler? Aýyplaşmañ, bu bize ätiýaçly hereket etmek üçin gerek.
– Düşünýäs... Olar bir ýa iki däl, öñüñizden çykan – biziñ duşmanymyzdyr, ýatyryp sanaberiñ. Biziñ daşymyz durşuna duzak. Biz
olary halamzok. – myhmanlar düşünmeýän terzde eginlerini gysdylar. – Ýöne häzirjek boluñ, size tor gurup bilmeseler, gelip, ýene bize
azar bererler, biz olara belet, gowusy ş-şol çykyşyñyzy goýbolsun
ediñ! – Musa Çöli ýerinden turup, gepleşik geçirilýän otagyñ içinde
adam ogluna ýat üýtgeşik çeýelik bilen gezim edip ugrady. – Biz
olary tüýs ýürekden günäleýäris! Ş-şäherleşmesek biziñ indi dagy
çärämiz ýok, çöl iýmitsiz galsa, biz eýsem nätmeli? Imperiýa gowy
ýykyldy, ýöne ol tasdanam biziñ üstümize gaýdypdy...
Larin gülümsiredi.
– Onuñ aşagyndan çykyp, ýerimize özgeleri iteklemek bize arzan
düşendir öýtmäñ, ýurdy tozdurdyñyz diýip tyýkyramak añsat, ýöne
jenap ýoldaş Prezident bu taýda Azyýany gaýtadan gurmagy başardy, eýsem çig mala, ýangyja baky mätäç Ewropa ol şondan uly nähili
ýagşylyk edip biler?
– Biziñ Baş-ş-ş kanunymyzda halkymyzyñ iñ pynhan arzuwislegleri gizlenendir! – diýip, Musa Çöli myhmanlara kirpiksiz gözlerini dikdi.
Myhmanlar çintgediler.
– Biz şol arzuw-islegleri görmegiñ höwesinde, eýsem olar nämelerden ybarat?
– Biziñ isleglerimiz jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ terjimehalynda şşöhlelenýär. – ”şeýle dälmi?” diýen äheñde ýylan Lariniñ ýüzüne
ýaramsak seretdi. Larin makullaýyjy baş atdy. – Diýmek, jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ terjimehalyny beýan etmek – bu biziñ halkymyzyñ
isleglerini beýan etmekdir, diýmek, biziñ halkymyzyñ isleglerine
düşünmek üçin ilki bilen jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ isleglerine düşünmeli, ş-şonsuz biziñ ýurdumyzda haýsydyr bir zada düşünmek
mümkin däl, hatda biderek. Ýagny Lariniñ berk belleýişi ýaly, jenap
ýoldaş-ş Prezident biziñ mertebämizi aldy-da, gaýdyp berdi oturyberdi.
Myhmanlar ýene-de biri-biriniñ ýüzüne seredişdiler.
– Ony ýap-ýañyja siziñ özüñiz aýtdyñyz ahbetin...
331
– Siz ýalñyş-ş düşünensiñiz, beýle jogapkärli beýannamalary biziñ
ýurdumyzda diñe Larin aýdyp biler! jenaplar, siz meni synap görjek
bolduñyz öýdýän, ýöne men siziñ tutan guşuñyzy bireýýäm ütmän
lak-luk atandyryn, ş-ş-şony berk belläp goýuñ! Diýmek, ş-şeýle...
çölüñ arassaçylygy – kyn mesele, oña düşünmek üçin ilki bilen onuñ
içinde ýaşamaly, demir-beton jaýlaryñ içinde ýaşap, tebigata düşünmek, ony ýürekden söýmek kyn iş-ş, adamlaryñ çöli ýürekden gowy
görýändigine mende ş-şübhe kän. Üstesine-de, biziñ halkymyz
ençeme asyrlap öz islegini açyk beýan edip bilmän geldi. Onsoñ
jenap ýolaş-ş Prezident aldy-da, halkymyzyñ saýrak diline öwrüldi,
indi, görşüñiz ýaly, biziñem dilimiz bar! Ol dil näçe islese, gepläp
bilýär!
– Bagyşlañ, birhili biz sizi sorag edýän ýaly bolduk.
Musa Çöli ulumsy gülümsiredi.
– Kän geplemek bilen, düýbünden geplemezlik – des-deñdir, ýagny
ikisiniñ-de netijesi birdir, ynjalyksyzlanmañ...
– Meselem, öñ men dilimiziñ häzir bardygyny bilýärdim. Ýok, tersine, men onuñ häzir bardygyny bilemokdym-da, onuñ öñ ýokdugyny bilýärdim. Ýöne eger-de jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ islegleri bolmadyk bolsa, onda biziñ garaşsyzlygymyz-da, bitaraplygymyz-da
bolmazdy. Jenap ýoldaş-ş Prezident nämedir bir zady islese, bolany
ş-şol, ol zat hökman bitäýmeli.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ islegleri nämeden ybarat? – myhmanlar
ýene-de ugrukdyryjy sowal berdiler.
– Diýmek, ş-şeýle... – Musa guraklygyndan ýańa syńraklarynyń
arasy çańjaryp duran süńksüz barmaklary bilen selçeń saçyny sypalady, gephaltasynyñ düýbüni dörüp, wagt utmak üçin kellesini ogarogar etdi, emma pikirlenmäge däl-de, owsun atmaga görin kelleden
suwytly zat çykmady. – Diýmek, jenap ýoldaş-ş Prezidentiñ islegleriniñ düýp manysy biziñ halkymyzyñ gursagynda çüýräp ýatan islegleriniñ açykdan-açyk beýanydyr...
Musa tes-tegelek gözleriniñ jübüt sary monjugyny, bukara düzüwli
gaş tapman, myhmanlara çerreltdi, olar ýüzlerini aşak saldylar, syrdam boýlaryny büküp, gaşlaryna çenli sap-sary, owadan mawy gözlerini ýazgylaryna dikip, uzak wagtlyk dymdylar. Larin ilçilere
näme-de bolsa bir maglumat edinmäge kömekleşmek islegi bilen
Musanyñ sözlerini dowam etdi.
332
– Biziñ geljekki planlarymyz şeýle: jenap ýoldaş Prezident öz ähli
etsem-petsemlerini durmuşa geçirmek üçin Konstitusion meýdan
döretmeli, bu oña öz adyny asyrlarda galdyrmaga ýardam eder. Biziñ
halkymyzda şeýle bir gowy gylyk bar... – ilçiler Lariniñ özlerine
juda meñzeşdigini añladýan garaýyş bilen biri birine seredişdiler,
Larin, hamana, muny duýan ýaly mylaýym ýylgyrdy. – Biziñ halkymyzda örän gowy gylyk bar: ol: erbetlik Allanyñ emri bilen, gowulyk-da – jenap ýoldaş Prezidentiñ emri bilen bolýandyr diýip düşünýär. Erbetligi bendesinden däl-de, Hudaýyñ özünden görmek – bu
örän beýik gylyk! Biziñ halkymyzyñ bu tapylgysyz gylygyndan sizde öz halkyñyza äkidiñ, ökünmersiñiz!
Musa Çöli galagop gobsundy, nämedir bir zat diýmse oñmady.
– Biziñ halkymyz jenap ýoldaş-ş Prezidentsiz bolmaz, hiç haçan!
Syrdam boýly, gaşlaryna deñeç şypyr sary ýaş ilçi bu aýdylany
bloknodyna belledi, baş atyp, Musa minnetdarlyk bildirdi. Şol wagt
olaryñ ýanyna hökümediñ adamlaryndan ýene biri geldi, bu geleniñ
ýüzi süýrüdi, özi süñklekden deşli, garaýagyz, içki pikiriniñ ýoklugy
daşyndan görnüp duran kişi. Gözleri ne mylaýym, ne-de hyýrsyz.
– Gel, Mätýakup! – Larin ony gapdalynda oturtdy we myhmanlar
bilen tanyşdyrdy: bu Mätýakup, öz adamymyz, görşüñiz ýaly munuñ
süñkbaşy iri, boýy ortadan uzyn, agramy togsan sekiz. Hany, agzyñy
aç Mätýakup, myhmanlara dişleriñi görkez! Ine, dişleri uzyn, dili
kelte, aýdyber, Mätýakup!
– Jenap ýoldaş Prezident size salam aýtdy!
Mätýakup äpet aýalaryny gürrüldili çarpdy, burnuny çekdi.
Şondan soñ daşary ýurtlular ondan bir agyz-da söz alyp bilmediler,
ol öz wezipesini ýerine ýetirensoñ gözüni açyp, uka gitdi. Larin bilen
Musa özleriniñ dogry ýoldan barýandyklaryny Mätýakubyñ getiren
dogaý salamyndan bildiler, gepleşikleriñ şüweleñi artdy; netijede
iñlisler özleriniñ Azyýanyñ tüýs jümmüşinde oturandyklaryna göz
ýetirdiler, ýöne olaryñ bu gezekki görýän Azyýasy asyryñ başyndaky
görüp giden materiklerine meñzänokdy, üýtgeşikdi. Tüýs jaýdar
wagtynda oýanan Mätýakup gepleşigiñ ahyrynda myhmanlaryñ jenap ýoldaş Prezidente näme sowgat getirendiklerini resmi suratda
sorady we alyş-berşiñ ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhümdigini
olara berk duýdurdy. Ol goltugyndan altyn götergini çykaryp, myhmanlaryñ öñünden geçdi. Ilçiler altyn sagatlaryny, ýüzüklerini, çilim
333
gutularyny, beýleki gymmatbaha ownuk zatlaryny göterginiñ üstünde goýup, eginlerini ýygyrdylar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ sowgat
beren bedewine üç bolup artlaşyp, onuñ adyndaky şaýoldan adybir
uçarlar meýdanyna garşy tüññi mañlaýlaryny öwrenlerinde, özlerinden bidin uludan dem aldylar: ”Hutma-hut-a çykandyrys-da hernä!”
Ilçileri ugradan Köşk indiki geljeklere garaşyp, özüne serenjam
bermäge girişdi. Bu iş hysyrdylydy, hemmeler ýetişiksiz gara günde
bolup görünýärdiler; aýratynam Daşary işler müdüriniñ işi kyndy: ol
indiki ilçileriñ nireden geljegini anyk bilmänsoñ, ätiýaçdan dünýädäki ähli kyn soraglara taýynlyk görmelidi, olaryñ içinde iñ gorkulysyda adamlar baradaky soraglardy. Bu ýurtda şondan gorkunç sorag
ýokdy. Şol sebäpli ol jenap ýoldaş Prezidentiñ ”Pähimler kitabyny”
gije-gündiz elinden düşürenokdy. Kitapda bu barada şeýle diýilýärdi:
”Jenap ýoldaş Prezident adamzadyñ howandarydyr we onuñ ähli
hukularynyñ goragçysydyr!”
Daşary işler müdiri ýanyndan geçip barýan Musa Çölä bu
sözleri guwanç bilen görkezdi, ýat tutmagy maslahat berdi.
Tizden müdirler bir-birden nirädir gürüm-jürüm boldular, olar
edil öz kölegelerine öwrülip, ýitip gidene döndüler.
334
18. Çygly çuñluklar
Köşgüñ ötlem-ötlem koridorlarynda müdirler kölege ýaly sessizüýnsüz sümsünişip ýörmeseler – onda bu ýurtda gije düşenliginiñ
alamaty. Olar esli wagtdan bäri görnenoklar, diýmek, gijäniñ ýary
boluberendir. Ýurduñ Baş oba müdiri arkan agdarylyp, gözlerini
ýalpa açdy, ellerini, aýaklaryny ýygnady, düýrülip-ýazyldy, ýatan
ýerinde towlanjyrap ugrady...
Bu wagt daşarda Aý süýt reñk ak nuruny töweregine gysganman
saçyp, ümsüm oturan agaçlaryñ başy onuñ nuruna çümüp-çümüp
çykýardy. Akly-saryly-mawuly çyralar Köşgi tebigatyñ ýat şuglasyndan gorajak bolup, gara heläkdiler, emma asman ýagtyltgyçlaryny öçürmek eýgertmänsoñ, olar Köşgüñ daşyny halkalap, aşakdan
ýokaryk pitjiñ atýardylar.
Bu wagt Baş oba müdiri Musa Çöli az salym towlanjyrap, Kepjebaşa öwrüldi-de, otagyñ ýarym açyk gapysyndan çykyp, Köşgüñ içine
gezelenje çykdy. Ol bu güne deñeç özüne gizlin Köşk muzeýleriniñ
görkezilmedigine kemsinýärdi, üstesine-de Köşk şahyrynyñ öz bäsdeşleriniñ birine: ”Men ony Taryh muzeýinde çüýrederin!” diýen
haýbatyny eşidensoñ, bu syr ony öz gününe goýmady. Onsoñ ol gijelige duwlanyp, bu binanyñ gatlaryny elek-soky barlamakçy boldy.
Bu ýerde özi üçin gorkuly syryñ bolaýmagyny güman etse-de, öýke
bilen bilesigelijilik garyşyp, onuñ erkini elinden aldy; herniçik-de
bolsa, ýylany bu gorkuly gezelenje iteren duýgy öýkeden bilesigelijilige has ýakyndy.
Gijeki Köşgüñ içi aýylganç täsindi. Alagarañky burçlary saýlap
süýşenekläp ýörşüne Kepjebaş gündizlikde görmedik hem, belki, hiç
haçan görmejek zatlarynyñ uçursyz känisiniñ üstünden bardy. Ýylanyñ ter bedeni nagyş ýaly parket poluñ astynda gizlenip ýatan çygly
çuñluklary syzýardy, ol bu çuñluklaryñ islendik demde gapysynyñ
açylyp, onuñ üstünden barýany hopup biljekdigini duýdy, bu çuñluklar çaky Köşgüñ her burçunda bar bolmaly, çünki Kepjebaş ýañy bir
towlanyp bat alyberjek bolanda, çuñlukda üsti haşamly parket bilen
örtülen gizligin ýerzemin duýulýardy, olam onuñ aşagynda nämäniñ
bardygyny anyklajak bolup eglenýärdi, olaryñ käbirinde ýylan üçin o
335
diýen düşnükli bolmadyk haýsydyr bir demir enjamlar küde-küde
baslygyşyp ýatyrdy, käbirinden adam ýylysy gelýäne meñzeýärdi. Ol
ýerden syzylýan sesler çakdanaşa ysgynsyz hem naýynjardy. Ýylan
gorky bilen diñşirgendi, şonda oña ýeriñ çuñlugyndan adamlaryñ
zarynlaýan sesleri eşidilen ýaly boldy. Kepjebaşyñ bilesigelijiligi
çekinjinden öñe düşdi, onuñ aşakda, ýeriñ çuñunda nämeleriñ
bolýandygyny göresi geldi, öz ýerliksiz bilesigelijiliginiñ üstüni
basmak üçin ol hatda bu ýerden haýal etmän gitsem diýdi, emma şol
wagt nätanyş demir abzallaryñ şakyrdysy ony ýene-de yzyna dolady.
Ýylan bu bolýan işi gözi bilen görmän, bu taýdan gidip bilmejegini
bildi, aşak, ýerzemine sümelge agtardy; elbetde, munuñ üçin ol uzak
kösenmedi, bary-ýogy birnäçe aýlawdan soñ, Köşgüñ aşaky gatyna
düşüp, ýerzemine suwlunyp girdi...
Oña öz gözleriniñ görýänine ynanmak birbada añsat düşmedi: bu
ýerde Köşgüñ kanselýarisiniñ görer gözden sowa aşaky gaty ýerleşýän ekeni. Ýeriñ aşagyndaky kanselýariý otaglary çakyñdan giñdi,
ötlem-ötlem ýerasty otaglaryñ, zallaryñ sütünleri ýogyndan göwnejaýdy, ýerzeminiñ tutumy aklyñy haýran edýärdi; onuñ bu döwrüñ
gurluşygy däldigini derrew güman etse boljakdy. Kepjebaş Köşgüñ
ozal özüne näbelli bir gizlin çuñlugyna aralaşanyny bilip, batly-batly
tolgunjyrady. Görüp otursa, asyl Köşgüñ ýeriñ üstündäki bölegi hiç
zat bolsa nätjek! Onuñ esasy binasy ýeriñ çuñlugynda bolup çykdy.
Megerem, Köşk haçanda bolsa bir döwürde bu ýerde ygtybarly gurlan orta asyr zyndanynyñ üstünde dikeldilen bolmalydy; Kepjebaşda
muña hiç hili ikirjiñlenme galmady; belki, garañky çuñluklardan
zaryn sesleri eşidilýän biçäre bendiler-de bu döwrüñ adamlary däldirler-de, garañky orta asyrlardan galandyrlar? Olaryñ ýanyna ýetmek
üçin ýene näçe gat aşak düşmeli? Ýerzeminiñ ýokarky gatynda arassa otaglar görünýär, umumy girelgäniñ ýüzünde ”Köşk kanselýarisi”
diýen owadan ýazgy bar. Otaglar teatr sahnasyndaky dekarasiýalara
meńzedilipdir. Bu ýerde ümsümlik, rahatlyk höküm sürýär, bir
adamlyk alagarańky otaglaryń içinde oturan adamlaryń egin-başlary
arassady, hiç neneñ däldi, Kepjebaş tä has golaýlaryna barýança
olaryñ eşikleriniñ könelip, pide bolup gidendigini bilmedi. Ol garañky çüñkleri peýläp, öñi açyk eýwanly otaglaryñ çetkisine has golaý
geldi. Ol ýerdäki çepiksije gyzyñ daş keşbi Kepjebaşyñ ünsüni çekdi,
ol zaryn ses bilen ýuwaşjadan aýdym aýdýardy. Tamyñ garañky
336
çüñki bilen süýşenekläp, görünmän, oña golaýlaşan Kepjebaş gyzyñ
dodagynyñ üstündäki nokat ýalyjak meñi synlap, ony bir ýerde görenine meñzetdi; bu kimkä? Belki-de, ýylan bu gyzy geçen aýda kitaphana-da görendir, ol şol ýerde işleýän gyzlaryñ birine uçursyz
meñzeşdi; elbetde, beýle horja gyz diñe kitaphanada işläp biler, başga nirede işlesin? Gyzyñ ýaryk-ýaryk ýukajyk dodaklary aýdymyñ
sözlerini öz ugruna sanaýardy, ýöne owazy welin ýürekdendi, biçäre!
Gyzyñ jaýtarylyşyp duran uzyn-uzyn kirpiklerine öz kirpiksiz gözlerini diken ýylan alaçsyz endiredi: beýle jeza çeker ýaly bu näme
günä etdikä?
Kepjebaşa öz-özüni sowal bilen uzak dürrelemäge wagt bolmady,
ýokarky gatdan aýak sesleri eşidildi; bu ýere gijäniñ içinde egni içki
eşikli, aýagy ýumşajyk mesili kimdir biri golaýlap gelýärdi. Adaty
adamlardan tapawutlylykda onuñ yzynda azyndan dört-bäş kölegäniñ
salgym atyp görünýänliginden çen tutup, Kepjebaş gelýäniñ ýönekeý
adam däldigini güman etdi. Dem salymdan-da ol özüniñ ýalñyşmandygyny bildi, bu gelýän – jenap ýoldaş Prezident bolup çykdy. Kepjebaş aljyrajak ýaly etdi, towlanyp, has garañkylyga çekildi.
– Muzeýiñ işleri neneñ? Baýlaşýarmy? Täze eksponat barmy? –
jenap ýoldaş Prezident añyrdan gelşine adaty soraglary berdi.
Muzeýiñ müdiri, çal saç hargulak kişi ukusyzlykdan gyzaran gözlerini owkalap, onuñ öñünde dim-dik sömeldi.
– Bar. Muzeý gün-günden baýlaşýar. Soñky günlerde biziñ elimize
birnäçe gymmatly eksponatlar düşdi. Biz olary deslapky barlagdan
geçirdik, ýöne siziñ berjek gutarnykly bahañyza garaşýarys: olary bu
ýerde galdyrmalymy ýa ýok?
– Nähili nalajedeýin adamlar, mensiz bu ýurtda birje işiñ-de bitjek
gümany ýok. Eysem olaryñ öñkülerden näme tapawudy bar? Belki,
jenaýat edendirler?
– Ýok, ýok, Hudaý saklasyn! – müdir howlukmaç samyrdady. – Bu
ýerde biz diñe päli düzüw, arassa adamlary saklaýarys. Terjimahaly
tegmilliler üçin akyl jaýlary ýeterlik. Heý-de Köşk muzeýinde jenaýatçylary saklap bolarmy! Biziñ eksponatlarymyzyñ köpüsi ozal
siziñ bilen bile işleşenler ýa-da olaryñ iñ ýakyn hossarlary. Olar häzirem özlerini size gerekli saýýarlar. Şonuñ üçinem olar muzeýde saklanýar we her sözleri ýazga geçirilýär. Eksponatlaryñ bir bölegi bu
ýere öz aýagy bilen gelýän arzaçylardan ybarat.
337
Onýança alagarañky jaýyñ bir burçundan: ”Ah, näletsiñmiş ykbal!”
diýen ses çykdy. Şol bada-da ol gyzyñ golaýyndaky stoluñ üstünde
çyra ýandy we stoluñ başynda oturan boýny inçejik gara galstukly
ýigit eksponadyñ şahsy depderini açyp, onuñ dilinden sypdyran sözlerini belledi.
Ýazgy edilýärkä ýylan başyny galdyryp ses gelen ugra üşerildi. Ol
betbagt gyzy tanady. Gyz bary-ýogy bir hepde mundan ozal döwlet
kitaphansynda işleýärdi. Kepjebaş ol ýere adamlaryñ tebigata gatnaşygy dogruda nämedir bir zatlar bilmäge barypdy; durmuşdan
görýänleriniñ üstüni bu dogruda kitapda ýazlanlar bilen ýetiresi geldi. Elbetde, çaky dogry çykdy: tebigaty sandan çykarýan, ýerleri
şorladýan adamlar däl, döwlet gurluşy, has dogrusy, döwleti edara
ediş usuly. Alymlaryñ biri Gündogarda birnäçe müñ ýyl ozal gurlan
gadymy döwletiñ ýeriñ şorlamagyndan ýykylandygyny belläp, ol
döwletiñ ýalñyş dolandyrylandygyny aýdyp boljakdygyny tassyklaýardy. Halk däl, döwlet zyýankeş bolup bilýär! Ol kitaby ýylana
hut bu gyz gizligin getirip beripdi. Ine, nämüçin ol bu ýerde otyr!
Ine, nämüçin ol kitaplar bu bu ýurtda gadagan! Diýmek, añtawçylar
ýylanyñ yzyndan galanoklar. Gyz düşünjesi üçin öz ömrüni pida
edipdir.
Muzeýiñ müdiri bu wagt ýurt eýesini bäş barmagy ýaly belet zatlary bilen tanyşdyrmagyny dowam edýärdi, diñleýjiniñ mundan aýratyn lezzet alýandygyny görmek üçin bu çygly ýerzemini ýagtyltmagyñ zerurlygy ýokdy, ony ýylan şonsuzam görýärdi…
– Siz häzir Taryh muzeýinde işiñ gidişi bilen tebigy ýagdaýda tanyş
bolýarsyñyz. Görşüñiz ýaly, eksponadyñ ýekeje sözi-de ýele gidenok, hemmesi ýazga geçirilýär.
Jenap ýoldaş Prezident arkasyndan sessiz baryp, üstüne abananda
muzeýiñ gözegçisi tarsa ýerinden turdy. Ol tüññi mañlaýyndan joralanýan deri sylyp, söm boldy:
– Saçly!
– Elbetde, siz bu adyñ toslanyp tapylandygyny bilýänsiñiz, aýratyn
möhüm döwlet işini ýerine ýetirýändikleri üçin muzeýiñ işgärleri,
siziñ buýrugyñyz boýunça, lakamdan peýdalanýarlar. – Muzeýiñ
müdiri eglip, jenap ýoldaş Prezidentiñ gulagyna ýene-de nämedir bir
zatlar pyşyrdady. Soñra ýene-de eşitdirip, dowam etdi: – Bu ýigit
338
biziñ öñdebaryjy işgärlerimiziñ biri. Taryh muzeýi hut şular ýaly
ýigitleriñ egninde dur.
Saçly öwlenine monça bolup, gorkarak söze goşuldy:
– Men öz kärimi tüýs ýürekden söýýärin. Elbetde, meniñem açyk
howany göresim gelýär, ýöne bu taýda-da biri işlemeli ahyryn. Taryh
muzeýi – döwlet işiniñ möhüm ýeri. Men etmesem, ol etmese, bu iş
ýerde galmazmy? Maksadym Köşgüñ sarsmazlygy, ýurdumyzyñ
gülläp ösmegi. Jan aýaman işleýärin. – Tüññimañlaý ýuwaş, ýöne
dabaraly dowam etdi: – Men öz zehinimi we zähmetsöýerligimi watanyma bagyş edýärin. Meniñ Watanym – siz! Size hyzmat etmek –
watançylyk! Adamlaryñ arzyny başdan-aýak diñlemek meniñ üçin
bagt. Olaryñ her bir sözi size söýgüden, wepadan doly. Aýratyn-da iñ
soñky sözleri. Onsoñ muny geljekki nesillerimiz üçin ýazyp almak
maña lezzet berýär. Ine, meselem, bu adam Köşge ýedi ýyl öñ arza
geldi. Ol ýokary bilimli ykdysadyýetçi. Men başdan munuñ bilen
işleşýärin, eýýäm maýor çinine ýetdim. Ýöne indi munuñ başga suwytly aýdýan zady ýok. Öz hünäri boýunça ýekeje-de abat sözlem
düzüp bilenok, diñe aýry-aýry sözleri ýatlaýar, olaryñam indi daşarky dünýä bilen hiç hili baglanyşygy ýok. Ol sözler munuñ öz içki
duýgularynyñ galan-gaçaklaryny beýan edýär. Onuñ soñky ýyllardaky gepi köplenç görýän düýşleri bilen baglanyşykly diýmäge mende
professional esas bar. Munuñ pikiri gutardy. Bu – işlenen material.
Biz her bir eksponadyñ üstünde hut şeýle ýadawsyz zähmet çekýäris.
Esasy zat: olaryñ bir sözüniñ-de gulagyñ duşundan geçmezligi. Biziñ
wezipämiz şunda. Häzire çenli bu kişiniñ arzy ýigrimi iki toma ýetdi.
Tomlaryñ her biri-de bäş ýüz sahypadan ybarat. Ine, onuñ iñ soñky
sözleri: ”Ýaşasyn, jenap ýoldaş Prezident!”
Jenap ýoldaş Prezident golýazmanyñ üstüne eglip, eksponadyñ
bokurdagyndan çykan zözleriñ belgisini synlady.
– Seniñ hünäriñ baýraga mynasyp. Men bu barada pikir ederin.
Saçly gyzyl horaz ýaly gabaryldy.
Muzeý müdiri ara goşuldy:
– Ine-de, kitaphanaçy gyzyñ ýap-ýañyja diýen sözleri. Ol bize birki
günlükde gowuşdy, emma, görşüñiz ýaly, eýýäm bir tom ýazgy edildi. Adatça eksponatlar ilki günler aýratyn öndümli bolýarlar.
Jenap ýoldaş Prezident ýene-de egildi we görkezilýän ýazgyny synlady. Bu ýazgylary edeniñ öz işine yhlasyny onuñ hat ýazuwyndan
339
biläýmelidi: ”Ah, näletsiñmiş ykbal!” diýen sözleri mundan owadan
ýazmak akyla sygjak däldi.
– Adyñ näme?
– Köse – mismañlaý gözegçi çym-gyzyl bolup jogap gaýtardy.
– Ajap. Adam öz wagtyndan öñ ölüp bilmez! Muny ýatdan çykarmañ!
Muzeýiñ müdiri alñasak dillendi:
– Ýok, ýok, heýem biz ony ýatdan çykararysmy? Ol biziñ işimizde
iñ esasy gollanmamyz. Elbetde, biz onuñ manysyny entek doly bilip
bilemzok...
– Köp bilsañ, tiz garrarsyñ… – jenap ýoldaş Preizdent oña ýuwaşlyk bilen duýdurdy.
Muzeýiñ müdiri gorkudan sazanaklap, onuñ ünsüni başga ugra gönükdirmäge çalyşdy:
– Täze eksponatlar bilen tanyşmak hyýalyñyz barmy? Aýratyn
gymmatly…
Müdir jenap ýoldaş Prezidentiñ öñüne düşüp, ony ala-garañky otaglara aýlamaga başlady. Bir adamlyk tussag kameralaryna meñzeş
otaglar ýürek gysdyryjydy. Olaryñ ortasynda bir oturgyç bilen bir
stol goýlupdyr, stoluñ üstünde bolsa, emeli güller. Gözleriniñ şöhlesi
öçen adamlar ýagşa galan suratlardan görünýän ýaly bolşup, reñklerini sargardyp olaryñ töründen bäriligine manysyz bakýardylar.
– Bu görgüsiýamanlar ozal tä siz hökümet başyna gelýänçäñiz, öz
arzlaryny kime ýetirjeklerini bilmän, kösenip gezipdirler. Indi, Hudaýa şükür, bularyñ arzy gije-gündiz diñlenýär. Onuñ üçin bular size
baky minnetdar. Indi halkyñ alnyndan Gün dogdy, biz altyn asyra
aýak basdyk, halka öz arzyny aýtmaga adam bar. Halkyñ gepi ähli
ýerde diñlenýär…
Jenap ýoldaş Prezident ýiti professional derejedäki soraglara geçdi:
– Eksponatlaryñ taryhdan düşünjeleri niçik?
Müdir ýaýdanman jogap berdi:
– Taryhyñ sizden başlanýandygyna olar bu ýerde gutarnykly göz
ýetirýärler.
– Eksponatlar muzeýe tabşyrylan ilkinji günlerinde we soñra sözlemiñ haýsy grammatik görnüşlerine ýykgyn edýärler?
Muzeý müdiri örän sypaýy gülümsiredi.
340
– Bu soraga Köse professional derejede jogap berip biler. Çünki bu
onuñ ugrundan.
Bu ýerde şol demde häzir bolan Köse utanjañ ýylgyrjaklap söze
başlady:
– Käriñi ýürekden söýseñ, iñ ownujak zatlar-da ýadyñdan çykmaz
ekeni; ýagny meniñ diýjek bolýanym – eksponatlar ilkibaşda habar
we ýüzlenme sözlemleri köp ulanýarlar. Sorag sözlemleri-de duşýar.
Onsoñ biz bular bilen ýakyndan işleşip başlaýarys. Netijede eksponatlaryñ duýgulary çuñlaşýar, sözlemleri bolsa, sadalaşýar. Adatça,
olar öz ömürlerini ümlükler bilen tamamlaýarlar...
Muzeý müdiri gözegçä ”bes” diýen yşarady edip, özi dabaraly dowam etdi:
– Elbetde, biz her bir işde siziñ ýalkymly şygaryñyzy baýdak
edinýäris.
– Yöne siz olary adam hukuklary bilen berk baglanyşykly ulanyñ.
Adam hukuklary – bu adamlaryñ ýüregine barýan gara ýoldur!
Müdir aljyraññy seslendi:
– Biz halkara düzgünlerinden habarly. Degişli kitaplar bilen yzygiderli tanyşýarys. Galyberse-de, adam hukuklaryny berjaý etmekde
biziñ muzeýimiz bütin ýurdumyzda birinji ýerde barýar! Elbetde,
geçiş döwründe ähli hukuklaryñ diñe siziñkidigine gowy düşünýäris.
Şonuñ üçinem bu işe örän jogapkärli çemeleşýäris. Adam hukuklaryny her öñýetene ynanyp bolmaz. Beýtseñ, olaryñ gymmaty gaçar.
Biz olary ätiýaçdan demir sandykda saklaýarys.
Jenap ýoldaş Prezident sözüni dowam etdi:
– Elbetde, ilçilik, ýurtda süwümsiz adamlar näçe diýseñ tapylýar.
Olar özbaşyna hukuk soramaga meýil edýärler. Bu barada mende
maglumat näçe diýseñ bar. Olar ýalylaryñ ýeri Diller institutynda we
beýleki ylmy, medeni ojaklardadyr. Taryh muzeýine-de bu meselede
uly ynam bildirýärin. Özüñize degişli eksponatlary wagtynda gözläp
tapmaga we muzeýde ýerleşdirmäge çalşyñ. Adamlara galsa, onda
olar adam hukuklaryny hut alan-alda öwürjekler! Betnebisler! Hajymelikler! Doýmaz-dolmazlar! Onsoñ men nätmeli, Köşgüñ içinde
ertirden-agşama büküdip oturmalymy? Her kimiñ hukugy öz elinde
bolsa, onda jenap ýoldaş Prezidentiñ kime geregi bar?! Eýsem olar
meni kimdir öýdýärler? Azatlyk, adam hukuklary pişme däl, obaoba, köçe-köçe paýlaşar ýaly. Bu baýlykdan kime näçe eçilmelidigini
341
men özüm gowy bilýän. Ha-ha-ha! – Çylkasyz gülkini eşiden janly
eksponatlaryñ ini düýrükdi, olar ellerini daldalap, kimsi ýüzüni, kimsi kellesini, kimsi-de bilini goraklady. Jenap ýoldaş Prezident bolsa,
hamana hiç zat bolmadyk ýaly salykatly dowam etdi: – Ertir agşam
bu ýere daşary ýurtdan myhman geljek: Jon Smit diýdimi, Adam
Smit diýdimi, hamana Smit bolmasa, adam däl ýaly… Olar meniñ
adam hukuklaryny berjaý edişimi barlajakmyşlar. Nämemiş, men bu
barada Halkara dokumende gol çekenmişim. Tapdylar bu ýerde keçe
telpegi! Nähili gülkünç isleg. Belki, men halkara derejesinde kagyza
gol çekmäni öwrenýändirin?! Ha-ha-ha! Näme, türgenleşmek gadaganmy? Daşary ýurtlylar bilen nähili gepleşmelidigi meniñ mukaddes ”Ru” kitabymda bardyr, okañ-da, gürleşiberiñ!
Olar añrylygyna ýörediler. Muzeý müdiriniñ şaññy sesi eşidildi.
– Wagt azaldy. Size beýleki muzeýlerde-de garaşýandyrlar. Aýratynam, stadionyñ aşagynda…
Jenap ýoldaş Prezident süýem barmagyny dodagyna ýetirdi.
– Çüş-ş… Stadion barada ýönekeý gözegçileriñ ýanynda dil ýarmak
gadagan… Ol adatdan daşary gizlin ýer...
Muzeý müdiri gorkuly ýalñyşlyk goýberendigini syzdy.
– Günämi ötüñ…
Olar tirkeşip, ýene-de añryk ýörediler. Kepjebaş indi olary düýbünden gözden ýitirdi, onsoñ ol bar ünsüni jemläp, başyny galdyrdy.
– Bu kim?
– Jenap, ýoldaş Prezident, bu biziñ size taýynlap goýan ajaýyp
sowgadymyz!
– Nämüçindir munuñ ýüzi tanyş görünýär…
– Elbetde… bu siziñ söýgüli şahyryñyzyñ enesi.
– Aý ýog-a! Görsene muny! Agynjak özi-dä… Sen meniñ Hyrlymyñ enesimi? Onda sen meniñem enemsiñ, bilip goýgun. Men seni
edil öz enem ýaly sylaýandyryn, söýýändirin. Hany, gel ýanyma,
ýakynrak gel, bakaly… Göwnüñe degýän barmy? Degseler, aýtgyn,
men seniñ ýanyña geler duraryn… Hany muny añrysyna öwrüñ…
Ýok, beýle däl, ynha şeýleräk, ana boldy, boldy, tutuñ… Hiç zady
gaýgy etmegin, hemmesi gül ýaly bolar, gül ýaly, gül, gül, gü…
Zaryn aýal sesi bukulyp ýatan otagyna gelip ýetende Kepjebaş ol
ýerde nähilidir bir elhençligiñ bolup geçýänini bildi, ýöne buky ýerinden çykmaga milt edip bilmedi. Az salymdan zaryn ses dowamly
342
aga ýazdy; hümürdi bolsa, has daşlaşdy; şondan soñ ýylanyñ bary
añşyryp bilen zady ol ýerde Çary-kitabyñ aýaly Gülüñ saklanýandygy boldy. Emma ol betbagta näme sütem edilenini näçe diñşirgensede bilip bilmedi. Bu çygly çuñlukda bolup geçýän işleri görende
Kepjebaşyñ sowuk endamy düýrükdi, ol özüne gaçara ýer gözledi.
Birnäçe wagtdan soñ tanyş sesler ýene-de bärik golaýlaşdy.
– Bu çaga näme? Nämüçin munuñ bir özi? Hany munuñ ene-atasy
ýokmy? Men senden soraýan!
Muzeý müdiriniñ gorkuly sesi eşidildi:
– Munuñ atasy Diller institutynda. Enesi öýlerinde, ýöne…
– Ol nämäñ ýönesi? Heý, ýumruk ýaly çaganyñ-da bir ýeke özüni
muzeýe tabşyrmak bolarmy? Meni-de öz mähriban enem hut şunuñ
ýaşlarynda ýeke taşlapdy. Bu diýseñ aýylganç adalatsyzlyk. Men öz
ýurdumda dagy-duwara beýle gabahatlyga ýol bermerin: derrew
munuñ enesini ýanyna getiriñ!
Muzeý müdiri tötänden goýberen bu ýalñyşynyñ öz başyna ýetip
biljekdigini syzyp, elewredi.
– Lepbeý… Biz ony göz açyp-ýumasy salymda bu ýere getireris.
Jenap ýoldaş Prezident şondan soñ Köşgüñ aşagynda, çygly çuñluklarda ýerleşen beýleki muzeýlere aýlanmaga gitdi. Kepjebaşyñ-da
onuñ yzyna düşüp, dañ atýança Geografiýa, Fizika, Ülkäni öwreniş
muzeýlerini-de göresi geldi, emma çydamsyzlyk edip, öz üstüni
açmakdan çekindi. Rugsatsyz gelip, bu ýerden yzyna diri çykjak
janly-jandaryñ, megerem, diñe özi bolmagynyñ ahmaldygyny oýlandy. Diýmek, oña bu ýerden garasyny saýlamaga çen bolandyr, eglense, bujurygynyñ artmagy mümkin…
Ýokarlygyna süýşenekläp barşyna ol bu elhenç ýerzemine düşülýän
basgançagyñ durşy bilen gözüñ ýagyny iýip barýan täsin nagyşlar
bilen bezelişine geñler galdy. Bu nämäniñ alamaty? Belki, bu deñiz
añrysyndan geljek myhmanlary garşylamaga görülýän taýynlykdyr?
Belki-de, dowzaha barýan ýolda bir pursat adamlaryñ gözüni aldamak üçindir?
Ýokardan bir ýerden adam aýagynýñ sesi çykana meñzedi. Kepjebaş diñşirgendi. Garaşdy. Ymgyr gijäniñ içinde Köşkde ýene-de
kimiñ ukusy tutanok?.. Ol göwnüne giden gümany barlamak üçin
ýokaryk çykdy-da, birinji gatyñ garañky öwrümlerini saýlap, öñe
süýşenekledi.
343
Ýöne tä Köşk şahyrynyñ bezemen kabinetine ýetýänçä oña janlyjemende duşmady. Onsoñ ýylan gapynyñ ýarym açyk galanlygyndan
peýdalanyp, otagyñ içine boýnuny uzatdy. Hyrly Durguryñ entek
ýatmandygyny görüp, geñirgendi. Otagyñ içine aralaşyp, gije ýarymdan agansoñ ýazuw stolunyñ başynda güberilip oturan pyýadanyñ sesli pikirini diñledi...
”Men nädip özümi halkyñ başyna täç etmeli? Nämüçin meni adamlar depesinde götermeli däl? Meniñ elimi ogşamaly däl? Belki, olara
görelde gerekdir? Akmaklar! Adamlar niçik tüntaw, eýsem men jenap ýoldaş Prezidentiñ elini oşanymda, bu menden pesleriñ-de meniñ
elimi ogşamalydygyny añlatmaýarmy näme?! Adamlar nämä ymtylýarlar – kämilligemi? Eýsem kämillige barýan ýol hany? Belki,
adamlar meniñ ol islegli ýoly birçak tapandygyma ynanýan däldirler? Olar munuñ hut şeýledigini görüp dursalar-da, bu hakykaty
boýun almagy isleýän däldirler? Ýogsam, meniñ jenap ýoldaş Prezidentiñ mübärek ellerini mañlaýyma togap edişim deýin olar meniñ
aýak tozumy öz gara mañlaýlaryna togap etmeli dälmidirler? Şahyryñ öñünde müdimilk duran bir sowal bar, ol-da gözellige barýan
ýoly tapmak. Eýsem maña gözellige barýan iñ gysga ýoly tapmak
bagtynyñ miýesser edendiginden olar habarsyzmy? Ýurduñ gözelligine barýan ýol hemişe Köşgüñ üstünden geçýändir! Men bu hakykaty açdym hem ony öz hyzmatymda goýdum. Onuñ hakykata näderejede gabat gelýändigini garamaýaklar meniñ durmuşymda görüp
bilmeýärlermikän? Eýsem bagt näme? Şahyryñ bagty? Gülleriñ hem
gyzlaryñ göwnüni tapmakda! Gör, şahyrlar menden öñ näçe asyrlap
bu inçe ýoly agtaryp, heläk bolupdyrlar. Menem ol ýoly agtardym.
Men öz goşgularymda gülleri, gyzlary öwenimde, olar menden ýyldyz ýaly daşdadylar. Iñ naýbaşy goşgularymy okap berenimde gyzlar
näzik duýgulara gark bolmagyñ deregine diñe eginlerini gysyp oñardylar. Haçanda men goşgy ýazmamy gündelik adata öwrenimde, olar
menden ýüz öwürdiler. Kişi maşgalasyna goşgy bagş edip, men
näme gördüm, gaýtam ol meni çoçgara çolaşdyrdy. Öñünden bilenligimde, men ol näletsiñmiş duşuşyga barmazdym...”
Köşk şahyry, hamana, entekler-de arkasyndan bir zat direlip duran
dek, ynjap, ýüzüni-gözüni çytdy, gobsunjyrady. Kepjebaş oña
haýpygelijilik bilen tiñkesini dikdi: iliñ namysyna degseñ, il seni
nämüçin aýasyn?
344
Köşk şahyry içini gepletmesini dowam etdi: ”Men kyn mataly añsat
çözdüm. Gyzlaryñ, gülleriñ deregine jenap ýoldaş Prezidenti wasp
etdim, şonda gyzlaram, güllerem meniñ elimdäki arzan bahaly
oýnawaja öwrüldiler. Paýtagtyñ ähli gözellikleri indi meniñ elimde.
Kim indi meniñ göwnümi ýykyp biljek? Men öz göwnümi nätmelidigini bildim: ony men mäkäm ýygnadym. Indi meniñ özbaşyma
göwnüm ýok, ol jenap ýoldaş Prezidentiñ göwnüniñ içinde bukulgy.
Köşkde diñe jenap ýoldaş Prezidentiñ göwni bar, hany onsoñ ony
ýykjak bolup bir görsünler, gözleri näme göräýerkä! Beýle adamyñ
bu dünýäde aýagyzy-da galmaz. Elbetde, ýurt adamsyz däl, olaryñ
içinde özüne göwni ýetýäni-de ýok däl, ýöne meniñ göwnüm, mertebäm indi gizlençekde, hiç kes meniñ golaýyma gelip bilmez, guş
gelse, ganatdan, gulan gelse – toýnakden aýrylar! Men ýok, diñe
jenap ýoldaş Prezident bar! Men diñe onuñ bar ýerinde bar, ýok ýerinde – ýok. Jenap ýoldaş Prezidentiñ içinde gizlenmek nähili hezil,
bu elhenç gowy. Hany, gelsin indi meniñ duşmanlarym! Gelsin, gözlerine görkezeýin! Siz jenap ýoldaş Prezidentiñ aýagynyñ astyna
düşersiñiz! Güýjüñizi synap görjek bolsañyz, öñürti özüñize öwlüýäden ýer belläp, onsoñ meniñ ýanyma geliñ! – onsoñ ol öz duşmanlarynyñ iñ köpsanly bölegi bolan – ozalky dostlaryny ýatlady. Olar
ýadyna düşende Köşk şahyrynyñ keýpi göterilýärdi: ownujak dostlar,
ýaşytdaşlar... Olaryñ günäsi onuñ kimdigini bilenliginde, bilmese,
güman edýänliginde. Olaryñ diri galmak isleýänleri onuñ üzeññisinden üç geçmäni öwrendiler. Galanlary baradaky ýatlama kitabyny
ýazmak onuñ ahlak borjy. Ol irde-giçde bu borjunyñ aşagyndan çykar. Kim-de kim hyzmatkär bolmagy ýokuş görse, onuñ bilen duşman bolmagyñ agramyny egninde çeker. Asla olar hakynda indi pikir
edeniñe bir degýärmi? Onuñ iñ ýakyn dosty şygyr, şonuñ üçinem ol
şygyr sungatyny ýeke taşlap, niçiksi bigäne adamlaryñ pikirini edip
otyr?!”
Hyrly Durgur haýsydyr bir setirini göwnüne jaýlamak üçin täze
goşgusynyñ üstüne egildi.
Ýylan Köşk şahyrynyñ tanyş göwresini siññin synlap, oña düýbünden düşünmeýändigini ýene-de bir gezek öz ýanyndan boýun aldy.
Durşy bilen garyn bilen syrt bolup duran mekirleç gyýkmak gözli,
hüwjük saçly bu adama ýylan eýsem nähili düşünmeli? Onuñ gözlerine seretseñ, ”Suwly äkidip, suwsuz getirjek”, emma çekýän aza345
byndan çen tutsañ, barypýatan akmak. Çünki ol munça azap etmezdenem, Köşkde ýaşap biljekdi, ýylan jenap ýoldaş Prezdentiñ şygyr
sungatyndan baş çykarmaýandygyna bireýýäm düşünipdi, onda nämüçin bu mekir adam gijeden-gije azap çekýär, eýsem munuñ goşgulary diñe bir adam üçin düzülenokmy? Megerem, bu azaplar düşnüksiz şöhratparazlygyñ emri bolsa gerek? Setirlerni göwnegeldik taslaşdyryp, sesine bat beriberse-de, netijesi häzirkisinden pes bolmazdy, ýöne, görnüşine görä, öz şahsyetparaz goşgujyklary bilen bu
edebiýadyñ töründen ýer-de hantamadyr? Jenap ýoldaş Prezidentiñ
mana däl-de, dabara sarpa goýýandygyny bu betbagt Köşk şahyry,
belki, bilýän däldir? Ýylan Hyrly Durguryñ bärisinden baragada oña
bu gümanyny aýdaýsam diýdi, hatda gapydanam girdi, ýöne soñra bu
etlek adamynyñ ýöne-möne däldigini, hatda jenap ýoldaş Prezidentiñ-de keýpiniñ kök wagty muña azda-kände gulak gabardýandygyny
ýadyna salyp, sagyndy, gahar bilen alkymyny çişirip, öz göwresiniñ
aşak etegine ýersiz ýere agram salyp oturan adama alagarañky
burçdan ýene birsellem bakgaryldy: her hili adam bar!
Köşk şahyryna seretdigiçe ýylanyñ barha gahary geldi – nähili nalajedeýin hem hökmürowan; soñra ýylan öz-özüne teselli berdi: başga
hili bolanda, jenap ýoldaş Prezident ony bu ýerde başyna ýapsynmy?
Onýança ýylanyñ zähresini ýaryp, Hyrly Durgur göwresine gelişmeýän çaltlyk bilen ýerinden turdy-da, otagyñ içinde ikiýana batlybatly gezmelemäge başlady.
Eý, sen beýik ynsan, eý, adambaşy!
Siz bilen ederis biz ähli işi!
Hyrly Durgur elindäki galamynyñ ters ujuny çeýnäp, eli sebetli
dolmuş bazarçy aýal ýaly ikibaka hallan atyp ýöredi, ýazyp oturan
ullakan eseriniñ, megerem, iñ bir belent pafosly ýerini dürli röwüşde,
öwrüp-çöwürdi:
Eý, sen, beýik ynsan, eý, sen, özbaşy!
Çölleriñ jereni, asmanyñ guşy!
Ol töwereginde garamça ýoklugyny anyklap, ”hi-hi” etdi, şonda
onuñ ullakan gyýkmak gözlerinden diñe dilkaw çyzyk galdy. Herniçik ätiýaçlygy elden bermän, ol derrew gapa baryp, iki gapdalyna
ýaltaklady, koriridoryñ ugrunda hiç kim ýokdugyny anyklap, ol gapyny jebis ýapdy, şeýdibem bilesigeliji ýylanyñ işini gördi,. Ýylan
içerik gabaldy.
346
Eý, sen, beýik ynsan, eý, adambaşy!
Siz bilen ederis biz ähli işi!
Size ýa-da maña garşy çykanlañ
Kül bolsun aýagy, kül bolsun dişi!
”Boldy! – diýip, ol seslendi, – boldy, ýöne... ýöne, şujagaz sözi
çalşyrmaly: mysal üçin, mysal üçin...” Ol ”maña” diýen sözüñ üstüni
çyzdy, soñam ”aýagy” diýen sözüñ, soñam ”dişi” sözünde ”d” harpynyñ...
Siziñ ýoluñyza garşy çykanlañ
Kül bolsun maksady, kül bolsun işi!
” – Ine, indi hakyky poeziýa eseri boldy!”
Köşk şahyry otagyñ içinde has-da gerimini giñeltdi we betbagt ýylany tasdanam basyp mynjyradypdy; ýylan tüýs jaý wagtynda şahyryñ stolunyñ aşagyna özüni atyp ýetişdi. Bu ýeri birneme garañky
hem ynjalyklydy. Bu ýerden ol şahyry has-da gowy synlap biljekdi,
ol şony-de etdi. Onsoñ ol Köşk şahyrynyñ ozal çak edişindenem has
äpetdigini tiz boýun almaly boldy: onuñ otyrýeri gymmatbaha kürsä
ýerleşmän, çogup çyksam diýýärdi; şahyryñ gyllak aýaklary, semiz
butlary bir ýerde duranokdy, jenap ýoldaş Prezidentiñ gaşynda sagatlap gozganman otursa-da, häzir bu oña başardanokdy, şonuñ üçinem
ýylan onuñ sabyrsyzdygyny güman etdi. ”Elbetde, Köşkden başga
ýerde bu öz göwresini ekläp bilmezdi, aç ölerdi” diýen netijä geldi,
Köşk şahyrynyñ halyna ýüregi awady, ýöne onuñ öz ýagdaýy-da
häzir meniñki bolsun diýer ýaly däldi. Kabinetiñ gapysy ýuwaşjadan
açylyp, bosagadan bärik ýaş aýal maşgala ätledi, ýylan ony görüp
tenine köz basylan dek towlandy: Enar!
– Giç ýagşy, şahyr!
Hyrly Durgur galamyny taşlady, ýerinden turup, biwagt gelen gonagy garşylady:
– Gelen ýagşy… sen nire – bu ýerler nire? Gijäniñ ýarynda...
– Men gije bilen gündüziñ tapawudyny ýitirdim. Poeziýa meniñ
aklymy aldy. Siziñ poeziýañyz… Bütin halk siziñ kitaplaryñyzy
elinden düşürenok, nädip düşürsin?..
– Bilýän, bilýän! Ýöne meniñ goşgularymy jenap ýoldaş Prezidentiñ hut özi söýýär! Meniñ üçin mundan beýik söýgi-de, baha-da bolup bilmez.
Enar sakyndy, ýöne uzak dymmady.
347
– Men çagalygymdan poezia aşyk, şonsuz günüm geçenok. Men
ozal diri şahyry görmändim, siz birinji…
– Siziñ kimin näzeninden beýle sözleri eşitmek maña lezzetli!
– Kitap dükanlarynda diñe siziñ kitaplaryñyz satylýar…
– Bilýän. Bu ýurtda meniñ bilen poeziýada dikleşip biljek ýokdur.
Men öz bäsdeşlerimiñ hemmesini bireýýäm tozana gardym, guma
diýseñ-de bolar... – Köşk şahyry, endigine görä, batnyksyz kikirdedi.
Gijeki dostlaryñ gitdigiçe jyny jyñkyryşdy. Şondan soñkusyny ýylan diñe üsti gymmatbaha örtgüli stoluñ aşagyndan görünýän iki
jübüt aýagyñ hereketinden hem olaryñ agyzlaryndan bilniksizden
çykýan ümlüklerden çen tutup, añşyrdy. Başda Enaryñ aýaklary
Köşk şahyrynyñ aýaklaryna boýun egmejek ýaly etdiler, ýylanyñ
göwnüne, gelniñ aýaklary siltenjiräp, näz etdiler: öñe, yza süýşdüler,
jüp basdylar... Ýöne bu uzaga çekmedi, onsoñ ýylanyñ göwnüne
düşnüksiz güman gitdi.
– Men siziñ ýanyñyza poezia ynanyp geldim, beýtmäñ... Jenap ýoldaş Prezident bilse, ikimizem erbet eder…
– Bilinsek, toba edäýeris!
– Toba bilen iş bitermikä?
– Elbetde, biter, eýsem meni bu derejä ýetiren toba dälmi? Men
tobany pyçakdan ýiti işledýän: toba – meniñ ganatym, ýüzümiñ tuwagy, döredijiligimiñ gözbaşy; men ilki toba edýärin, soñra-da toba
edenime – toba! Bu janrda men öndümli işleýän. Basa oturyp, ilki
aýry-aýry tobalary, soñra ”Toba depderini” ýazdym, basym saýlanan
tobalarymyñ ýygyndysyny neşir etmekçi. Meniñ döredijiligim bilen
yzygiderli gyzyklanýan okyjylar mundan habarlydyrlar. Jenap ýoldaş
Prezident-de meniñ toba janrynda ýazan eserlerimi gowy görýär,
onsoñ nämüçin men özüme ölmez-ýitmez şöhrat getiren ugurdan ýüz
öwürmeli? Kakam pahyr maña: ”Oglum, wezipä ýetjek bolsañ, iliñ
gepini diñlemegin – diýerdi. – Ýazybergin, biriniñ üstünden arza ýaz
welin, eliñ dek durmasyn!” Öz pikirini-de kemer bilen jemlärdi, onsoñ onuñ bir sözi-de ýadymdan çykanok, zehin meniñ endamyma
otyrýerimden ornady. Kakam ýadyma düşse, entegem syrtym awaberýär.. – Köşk şahyry syrtyny sypalady, şonda onuñ ýüzi çytylana
meñzedi. – Ynamy güýçli bolmasa, ol munça azap etmezdi... ”Seni
şahyr edip ýetişdirermesem, gözümi açyp giderin!” diýerdi. Ýene-de
biraz ýaşan bolsa-ha, men onuñ gözüne görkezerdim welin... – Hyrly
348
Durgur düşnüksiz ahmyr etdi: – Ol diri bolanlygynda, meniñ wezipäme guwanardy, goñşular oña epilip salam bererdiler. Men ony,
belki, Köşge-de getirerdim. Eger jenap ýoldaş Prezident oña öz elini
ogşatsa, kakam nähili begenerdi!
– Men size gowy düşünýärin! Biziñ ikimizem garamaýakdan çykan.
Ikimizi adam eden – jenap ýoldaş Prezident! Şonuñ üçinem, biz oña
baky minnetdar bolmaly, öz zehinimizi, tenimizi, gerek bolsa, janymyzy-da oña bagş etmeli. Siziñ şygyrlaryñyz näzikligini ýitirmeli
däl, ýogsam jenap ýoldaş Prezident ynjalykdan gaçar. Larin şeýle
pikirde…
Gylly aýaklaryñ bady gaçdy, böwrüne diñ salýan ýekegapanyñ
aýaklary dek, az wagt butnaman durdular, emma soñra ýene öñe
dyzadylar.
– Kakam diri bolsa, indi ol çagakam göwnüme degenine düşünerdi.
Men onuñ hiç kimdigini boýnuna goýardym! Ah, ýöne ol biziñ ejem
ikimizi nähili horlady, it ogly! Şonuñ üçinem men ony öz atam hasaplap bilemok, meniñ atam – jenap ýoldaş Prezident. Bu hakda ejeme ýüregimi dökemde, ol meni utandyrjak boldy: ”Şarpyk çaldy
diýip, atañy çalyşmak ýokdur!” diýip, ör-gökden geldi. Ol meniñ
göwnümi ýykyp, Köşge garşy gidýändigine düşünenok. Belki, oglunyñ gül-gunça däl-de, ýurduñ patyşasy hakynda gazal düzýäni onuñ
gaharyny getirendir? Men gözellige barýan iñ gysga ýoly tapdym,
ýöne muña hut öz mähriban enem-de düşünmedi. Onuñ pikiriçe, men
gözelligiñ guly bolmalymyşym, bütin ömrüm zar-zar aglap geçmelimişim, ýok, goý, güller aglasyn! Bu gün gözellik meniñ gulum! Islesem, men gujak-gujak gülleri aýagymyñ aşagyna düşäp bilýärin.
Köşgüñ çykdajylar kitabynda bu göz öñünde tutulan.
Ak aýaklar köpmanyly gozgandylar.
– Siziñ poeziýañyzyñ näzik bolmagy üçin mundan eýläk menem
özümi jogapkär duýýan. Resmi taýdan. Biziñ söýgümiz resmi
üçburçlyga meñzeýär...
Gylly aýaklar ätiýaçly jogap gaýtardylar:
– Resmi dörtburçlygy dälmi, eýjejigim?
Enar şonda gijeligi ýañlandyryp, jak-jaklap güldi:
– Dördünji burç şeýle bir kütek welin, ony hasap edeniñe-de degenok. Ol gury san.
Köşk şahyry ahmyrly seslendi:
349
– Keýpiñi bozýan aýalyñ ýa-da äriñ bolsa, onda işi añsat, ýöne hut
dogran eneñ saña düşünmese, şonda nätmeli? Diller institutyna ibermelimi?
– Dogran eneñ bilen deñ bolsañ, bolmaz – çomuç ýaly dolmuş baldyrlar arkadan gelen güýç bilen garpyşdylar. – Sen ony gowusy ”Taryh muzeýine” ýerleşdir.
Kepjebaş kinaýaly bakgaryldy: nähili ýürekdeş maslahat! Ýöne
biraz…
Oña öz pikirini jemlemäge wagt bolmady, Hyrly Durgur içki
duýgusyny daşyna çykardy:
– Ah, meniñ tüntaw enem! Sen öz ykbalyñdan nalama, ony men
geregiçe owadanlaryn. Ogluñ ozal taryha girmegiñ arzuwyndady,
indi taryhy özi ýazýar! Jenap ýoldaş Prezidentiñ enesini milletiñ
enesine öwrüp bilen galamyñ ýanynda sen dagyn nämejik? Ah, Enar,
hany, aýt, gülleriñ özüni wasp edip, heý, Köşge ýetip bolarmy? Düzi
öwseñ – düzde ýaşarsyñ, çöli öwseñ – çölde! Meniñ gülzarlykda
ýaşasym geldi. Gülleriñ iñ köp ýeri – Köşk! Näziklik diñe Köşkde
ýaşap biler, başga ýerde ol wagşy gödeklige uçrar, ýok bolup gider.
Iýmit ýetmezçiliginden ölmegi-de mümkin. Meñ göwnüm güldenem
näzik, onsoñ men Köşkden gaýry nirede ýaşaýyn?
Köşk şahyrynyñ pelsepesine pisindi oturmadyk Kepjebaş bu ýerden
sypmak üçin kellesini stoluñ aşagyndan çykardy, ustüne abanan wejeraçylygyñ çetini gören dessine-de yza çekildi. Ol bu azgynçylygy
halamady, emma bu işde öz eliniñ-de bardygyny boýun almaly boldy: eýsem Enary ilkibaşda ýoldan çykaran kim? Ony Köşge iteklän
kim? Onýança düşnüksiz sesler güýçlendi, tüýli aýaklar ak baldyrlaryñ içinden geçip, olaryñ haýsynyñ öñde, haýsynyñ yzdadygyny
saýgarar ýaly bolmady. Ýylanyñ göwnüne, dört aýak çakyndan agyr
ýüki göterjek bolup, kösenýäne meñzedi. Bu ýerde artyk durmak –
wejeralykdy. Başda Enara kömege ýetişmäge taýyn bolsa-da, onuñ
suwmeýilliligini görensoñ, alkymy ýasy-ýaýman çişdi. Çöpüriñ ysy
onuñ has-da gaharyny getirdi, ol wagt tapyp, gapa garşy süýşdi. Gulagyna Enaryñ:
– Ah, jenap ýoldaş Prezident! – diýen iññildisi ilende, ol:
”Gözüñi ýandak bilen süpür!” diýdi-de, suwlunyp, öz ýoluna
gitdi.
350
19. Paltahaky
”Ah, jenap ýoldaş Prezident!” diýip, bu ýurtda adamlar, adatça, öz
ömründe azyndan birnäçe gezek biygtyýar seslenerdiler: ilki –
zyndana atylanlarynda, soñra-da – günägeçişlik yglan edilip, daşyna
çykanlarynda. Adamlary ilki zyndana atmak, soñra-da günägeçişlik
yglan edip, olaryñ alkyşyny almak – jenap ýoldaş Prezidentiñ iñ
gowy görýän güýmenjeleriniñ biridi. Ine, bu ýylam wagty gelende,
ganhorlar, öý ogrulary, neşe söwdagärleri, talañçylar, adatdakysy
ýaly, azatlyga çykdylar. Bu günägeçişlikde Çary-kitabyñ atylmaly
güni-de üç aý gaýra süýşürildi. Çünki ol ilkibaşdan “Diller institutyna” däl-de, saý-sebäpden iñ agyr jenaýatçylaryñ saklanýan türmesine
düşüpdi. Bu-da ony gutulgysyz ölümden az wagtlyk alyp galdy. Onsoñ atylmaly güni jenap ýoldaş Prezidentiñ günägeçişlik Permany
dadyna ýetişdi. Baş türme müdiri, düzgüne görä, onuñ eline üç aýlyk
ömür ýazyp berdi. Möhürli kagyz: ”Adam wagtyndan öñ ölüp bilmez!” diýen ganatly sözler bilen başlanýardy.
– Altyn güýz geldi. Git-de, pagta ýyg, Watan harmanyny beýgelt!
Biz saña ynanýarys. Seni gyş atarys, ýöne özüñ gelgin! Bizde ýene
bir ýakymly täzelik bar: örän döwrebap hyzmat! Biz indi atylýanyñ
islegine görä, ony öz melleginde atyp gaýtmagy ýola goýduk. Bu
hyzmatyñ iki tarapa-da bähbitli ýeri kän: biz-ä atylanyñ jesedini
süýräp ýörmekden dynýarys, atylanam – öz öýünde, çagajyklarynyñ
arasynda süýnýär. Eýsem, bu her bir ynsanyñ iñ soñky päk arzuwy
dälmi näme? Biziñem ýüregimiz daşdan däl, atylanyñ geýimgejiminiñ onuñ maşgalasyna neneñ gerekdigine düşünýäris! Bizde
ýokary hünärli spesialistleriñ uly topary bar, olar adamynyñ ýeñseçukuryndan bir okda atyp öldürmäge ezberleşen. Belki, atylýanyñ
göz monjugy ýaly çagajyklary onuñ eşigine zar bolup oturandyr.
Onsoñ biz ony mümkin boldugyça adamçylykly atmaga çalyşýarys,
eşigine zyýan ýetirmejek bolýarys, ”Goý, atylýanyñ ölümi maşgalanyñ mañlaýyndan diresin!” diýýäris, biziñ ýüregimiz päk. Iñ bärkisi
çagalarynyñ birini-ýarymyny köýnek-balakly etse, zyýanmy? Eger
atylanyñ aýalynyñ elinden dür dökülýän bolsa-ha, onda beýle aýal
maşgala atalarynyñ eşiginden uşaklarynyñ telimsini-de geýindirip
351
biler. Wah, ýöne bu ýurtda indi onuñ ýaly eli işli aýal galdymy
diýsene?! Jenap ýoldaş Prezidentiñ janyna berekella, şu bikär adamlary dolandyryp, ýurdy – ýurt edip otyr, özüm bolsam-a birçak dälirär giderdim, çydar ýaly däl. Bolýar onda, güýze çenli hoş! Ýöne,
ýañky aýdanym, aýagyñy süýräp gelip ýörme-de, isleseñ, biziñ işgärimizi öýüñe buýraý, barar-da, elin atyp gaýdar, bu özüñ üçin gowy
bolar. Çykdajysy-da uly däl, belki, karza geçersiñ?
– Bilmedim. Men gaýdamda, öýmüzde pul ýokdy. Pul düşen bolsa,
men çakylyk ederin – Çary-kitap güñleç söz berdi.
Onsoñ ol üç aýlyk ömür ýazlan kagyzy döşüne berkidip, ýurduñ
köçelerinden, türmä basylan hem indi basylmaly adamlaryñ arasyndan pyýadalap, öz obasyna gitdi. Birnäçe günden soñ aýagyny
süýräp, oba geldi, öýlerine ýetmäge howlugyp, ilki duşan gapa sowuldy.
– Salawmaleýkimler! Adam barmydyr?
Dym-dyrslyk, jogap ýok. Gapy gulply. Onsoñ ol hatary syryp, ýokarlygyna ýöredi. Köçeden gygyryp barýar:
– Adam barmydyr-how? Habar alan?
Bokurdagy gurap, ahyrsoñunda duldegşir goñşusynyñka gelip ýetdi. Içimlik suw gözledi. Bedreleriñ içindäki suw läbik, gan ýylysy
bar, porsy. Çary-kitap bir käse suwy dik durup, başyna çekdi-de,
açlykdan ýaña ýogyn gägirdi. Onsoñ içi garañky tamyñ gapysy usullyk bilen açyldy-da, mükrüm garry daşaryk, yssy howa boýnuny
uzatdy.
– Essalawmaleýkim, garry ene! Hany öýüñ erkekleri, birki agyz
gürrüñim bardy!
– Olar öldi, sen igde iýjekmi?
Kempir başatgyjynyñ ujundan çykaryp, garganyñ aýagy ýaly elini
Çary-kitaba uzatdy.
– Hany paýtagt?
– Pagtanyñ ýüzi gaýdan badyna ol yzyna göçdi. Ýöne Aman muny
bilýän däldir, onuñ şol oduna diýip gidişi.
Çary-kitap kempiriñ aýasyndan ýekeje igdäni agzyna atdy-da, çök
düşüp, bu ojakdan ötüp gidenlere degsin etdi. Soñra ol ýene öýüne
dolandy, içki jaýda düwdek bolup ýatdy. Garañky gatlyşyp, göz baglanansoñ, onuñ ýanyna aýaly geldi...
352
– Men seni bu dünýäde gaýdyp görerin öýdemokdym – Çary-kitap
ýaýdandy. Näme günäm bardygyny bilemok, ýöne ykbalym şeýle
boldy. Meniñ günämi öt!
– Çagajyklañ ötsün. Meniñ seniñkiden aýry ykbalym ýok.
Aýaly onuñ bilen näler derdinişjekdi, emma ýadawlykdan dili kentlewügine ýelmeşensoñ, adamsynyñ ýüzüne naýynjar garady, guraksy
pyşyrdady.
– Meni henizem hiç kim işden boşadanok. Unudypdyrlar... Onsoñ il
bilen deñ zähmet günümi çykmaly bolýan. Çagajyklar horlanýandyr... Ýat, ýat, ukla, ertir...
Dañdanlar Çary-kitabyñ gulagyna ýene-de Gülüñ pyşyrdysy eşidildi. Göwnüne bolmasa, aýaly oña gysmyljyradam.
– Söýgülim... Men türmeden geldim.
– Bilýän. Gowaça akganatlyja möjek düşdi. Biz atyzlary ýaglyk
bilen ýelpäp goraýarys. Çagalary boşatmagyn, olaryñ ümdüzine tutdurybermegi ahmal. Onsoñ meniñ gözümden ganly ýaş akar.
– Meniñem... – diýip, äri hañlap ýatan boş öýde howany gujaklap,
möññürdi. Birwagtlar ot ýanan ojagynyñ külüni ýüzüne sürtdi. –
Meniñ çagalarym irde-giçde saña gaýdyp gelerler, garaşgyn! Olaryñ
başga ody-da, ojagy-da ýokdur.
Çary-kitap bulam-bujar saçlaryny barmaklary bilen daraşdyrdy-da,
dañdanyñ ümüş-tamşynda öýden çykdy. Goñşularynyñ igde agajynyñ çür depesinde bir ýetginjek oglanyñ igde iýip oturanyny görüp,
allaniçigsi boldy.
– Düş aşak! Ýykylaryn öýdüp gorkañokmy?
– Ilki gorkýadym, ýöne eýýäm ýykylyp gördüm.
Çary-kitap öz ýetginjekligini ýatlap ýylgyrdy – üýtgän zat ýok.
– Sen kimiñ ogly?
– Kakamyñ.
– Nirede ýaşaýañyz?
– Hatapgalada.
– ”Hatapgala” diýeniñ nirede bolýar?
– Şeýtangalañ ”guk” ýanynda!
Çary-kitap kitap gülüp bilmese-de, ýürekden ýylgyryp, oglanyñ
deñinden geçiberdi: ”Eý, Tañrym, bu köne heññamy üýtgedip biljek
kimse bar?” Onuñ ýüzi çöle garşydy. Çöle çykansoñ, onuñ ýüzi ýagtyldy, gussasyny guma gardy, çägä ýatyp bagryny oýkady, çöpe353
çöre, sazaga-ojara ýüzlendi, derdini egisjek boldy, ylgap baryp, bir
ullakan ojaryñ bilinden gujaklady.
– Ojar, ojar, eý, ojar! Söwündigim ojar, sygyndygym ojar! Otsuzyñ
geregi, çölüñ diregi ojar, sözümi diñle, halyma gyýyl! Men bir öz
ilinde dogmuna bäs gelmedik, öz ýurdunda ilinden awaramy? Neçün
men nalyş çekdim? Neçün aýakda galdym? Eýsem men gyzaryp,
ilden öñe düşdümmi, garalyp, yzda galdymmy? Hakyma kaýyl bolmadymmy? Köprüñ aşagynda ýatyp, eşek ürküzdimmi? Iliñ malyna
kiltimi dikdimmi? Il maşgalasyna gyýa garadymmy? Meniñ ýazygym nämede, ojar? Ojar, ojar, aý ojar, maña dogryñy diý, sen bir
heññam bilen ýaşyt ojar, hydyr gören çöp, çölüñ diregi iliñ geregi!
Neçün meniñ edenim ugruna bolmady? Neçün meniñ duşmanym
çalt, dostlarym çaman boldy? Men ýüregimiñ çuñunda halkyma
döwlet gurmadymmy? Janymy gul-gula salmadymmy? Dilimidinimi, ynamymy goramadymmy? Neçün haýasyzlar meni depgilemeli boldy? Neçün? – Çary-kitap ojaryñ birçak jan ýöräp, indem
ýaşaýyşyñ geçen ýoluny salgy berşip duran pür-şahalarynyñ arasyndan dik depesine seretdi: gök çuñdy, ötlem-ötlemdi, aýlawlydy, ynjylydy, ynjalyklydy, ynjalyksyzdy, öwüşginlidi, tutukdy. Çarykitabyñ gözlerine gögüñ bir bölejigi gaçyp, ýaş damjasyna öwrülip,
yzyna togarlanyp çykdy, bir damja gamgyn gözýaşyñ içine girip, gök
asman ýere gaçyp, çägä siñdi. – Aýak diränim, topragym, kuwwat
ber, ýene ejir çekeýin, ejirden doýmaýyn, sütemden ganmaýyn,
emma aga ”gara”, gara ”ak” diýmäýin, ýeñmäýin, ýöne ýeñilmäýin,
özümçe bar-ýokdan gep çekmäýin, adym tutulan ýerde oglumgyzymyñ ýüzi gyzmasyn! Ojar, ojar, eý, ojar, çölde senden kän ýaşan ýok, köpi gören-de, sözümi diñle, manysyny tir!
Ojardan jogap bolmady, Çary-kitap alaçsyz ýola çykdy. Bir meýdan
ýöränsoñ, salgymlap, öñünde bir mahluk göründi. Endam-janyny
çöpür basan jandar gorkunçdy, kä bukulyp, kä towsaklap, ony gapdallap barýardy. Çary-kitap durup bilmän, oña habar gatdy:
– Sen kim?
– Adamzat.
– Ymgyr çölde näme işleýäñ?
– Hiç zat. Obamyzyñ gyrasy jeññeldi, keýik kowalap, obadan çykdym, awum oñup yzyma dolansam, ne jeññel bar, ne ýol-ýoda, ugran
354
ugrum – ok ursañ geçmez gowaçalyk, gedaýçylyk – indi çölde günümi görýän.
– Ýuwhalaryñ obasyny bilýäñmi?
– Beter edýän. Ol obanyñ guýusyndan gije-girim suw içmäm bar.
Ýöräberseñ bararsyñ! Hoş!
Mahluk depeden-depä ylgap, gözden gaýyp boldy. Onuñ yzyndan
kowan Çary-kitap garry ojaryñ düýbünde garrylygyndan ýaña boýny
kesmek baglap, üç ýüz ýyly arka atan pyşdylyñ üstünden bardy.
Çary-kitap onuñ ýanynda halka aşak çökdi, kiçijik çaga dönüp, barmaklarynyñ arasyndan ürgün çägäni akdyryp oýnady, özüne gedemsi
bakgarylýan gemmik pyşbaga ýüzlendi:
– Eý, ölmezek pyşbaga! Gojalaryñ gojasy, synçylaryñ synçysy, bu
çölde, heý, iki ýüz ýyl ozal meniñ kimin ile gülki bolan barmy? Üç
ýüz ýyl ozal barmydy? Olar uly iliñ derdini özüne gürrüñ berip, diwanalyga ýetipmidiler? öýüni ýykdyrypmydylar? Ah, pyşbaga, pyşbaga, meniñ kimin akmagy bu düñle çöl döräli görüpmidi? Hany sen
maña aýt, Aman nirede? Ol dirimi?
Pyşdyl: ”Yzyma düş!” diýýän ýaly etdi-de, ýola rowana boluberdi.
Onuñ gidişi şeýle çaltdy, suwsuzlykdan gany gatan Çary-kitap emedekläp, onuñ yzyny zordan eýgerýärdi, ýöne özüni dürsemäge onuñ
wagty ýok, çölüñ içinde gaçgaklar üçin gazylan ”gürpbasdylara”,
gurulgy duzaklara düşmän, Amanyñ ýanyna ýetmelidi.
Aman bu wagt aýaly özüne duzak gurjak bolýandyr öýdüp, onuñ
ýüzüne dikanlap seredip otyrdy. Ol entek aýal adamynyñ gyzylödegi
agzyndan gelýänçä ögänini görmändi, şonuñ üçinem ol bu ýerde bir
ýakymsyz syr bardyr diýip çaklady, hüşgär boldy. Emma ol çakynyñ
ugrunda ýokdugyna dura-bara göz ýetirdi: süñksüz-süýeksiz Şemşat
indi öñküsini tapman, bulanyp ýatyr. Onda owal näme jan bar? Ýüpden işilip ýasalan ýaly. Onsoñ Aman aýaly gaty gowurdakdan bir zat
tapynandyr öýtdi, bilip bolýarmy, gowurdak diýlen iýmit iki adamdan birine ýakanok; Şemşadam Amanyñ gözünde şatyr-şallah däl,
kesirem bolsa, näzik, näzik bolmasa-da teni ter, bili dagyn gysymyña
gyssañ, jorta uçjak. Aman assyrynlykdan muña buýsanman bilenok:
obada indi bili inçe zenan galdymy? Hemmesiniñ bili pagtaly ganar
götermäge uýgunlaşan: ýogyn, berdaşly. Iñ agynyñ reñki bugdaýreñk
bilen garaýagyzyñ aralygynda, onsoñ olaryñ içinde Şemşat hüýrperiden enaýy däl, Amanyñ oña aýratynam ilkiler mähri gidipdi,
355
ýöne soñ-soñlar halys mäşleri bişişmänsoñ, ol Şemşatdan sowaşdy,
hasam bir gün dañdanlar üsti açyk galan Şemşadyñ göbek ýeriniñ
tep-tekizligini görende, onuñ ýüregine gorky düşdi; elbetde Rahman
molla ýalan sözlän däldir, Şemşadyñ ýüzünde adam ruhy az, ýöne
beýleki aýallaryñ nämesi artyk? Bu heleýleriñ haýsyny goýup,
haýsyny aljak? Barynyñ azary bir. Hamana, Amanyñ ýüreginiñ özi
gapdalynyñ ýumşaşandygyny añşyran dek Şemşadyñ gün-günden
hyk-çoky artýar, özi-de indi iki hepdedir – eli sypynsa, gözlerini
balkyldadyp, ýöne ärine seredip ýatyr işigaýdan! Bir zatlar diýjek
bolýar, diýip bilenok. Eger heleýi amanadyny tabşyraýsa, Aman
nädip guýyny gazyp gutarar? Suwa ýetip bilmese, onuñky – ölüm!
Her ýuwdum suwlaryny hasaplap otyrlar. Ýöne ymgyr çölde kyrk
gulaç guýyny gazyp gutaraýmak-da iş bar. Şemşat gapdalyndan
aýrylman durka-da, onuñ jan deri çykýar, ýeke özüñ-ä miltem etme!
Her gezek gowany dola-bara edip ýüpi siltände, Amanyñ göwnüne
aýaly ony çekip çykarjak bolup, guýa dik-başak gaýdaýjak ýaly,
ýöne gaýdaýanok, süýrenip alyp çykýar. Käte Aman onuñ gowany
çykaryşyna kaýyl galýar: halalyñ bolsun, ediljek ýöne ýylanyñ barda, suwlunyp gidip barýany hatda guýynyñ içinde-de duýulýar.
Aman aşakda: ”Hudaý bardyr” diýip otyr, edip bilýän kömegi ýok,
basym suwa ýetse, ana, bary edibiljek ýagşylygy.
Suwa ýetmänkä ol ýene-de bir gezek hemmesini ölçerip-dökdi:
”Nätmeli, ýene bir günden pöwşüldäp suw çykaýmagy ahmal, onsoñ,
Rahman mollanyñ pirimi puç! Nädeñde gowy boljak? Eýsem aýalyndan dynmak üçin ony çöle alyp çykmadymy näme? Indi nämüçin
ol ikirjiñlenýär?” Amanyñ pikir ede-ede kellesi çişdi, ol her gezek
gowany dolduransoñ, ýokarsyna garaýar. Ogryn. Näme etjek bolsañ,
suwa ýetmänkäñ etmeli, soñ giç boljak, mollanyñ piriminiñ suwly
ýerde güýji ýörejek gümany ýok. Aman ony ýene bir gezek ýatlady:
bu diñe iki aýaklynyñ tapyp biljek hilesi. Rahman mollanyñ ajdarha
ýa-da ýuwha däldigine ol kepil geçip biljek: ol adamdyr.
Aman ”kelläm agyrýar” bahanasy bilen guýudan çykdy.
– Ýör, çatma!
Añk-tañk bolan Şemşat gowanyñ ýüpüni elinde saklap durdydurdy-da, ouñ yzyna düşdi, alaçsyz. Häzir aýalynyñ Amana mähri
bildirýär, bir diýenini iki gaýtaladanok, nämüçin diýseñ, ymgyr çölüñ içinde bar mydary – gunt ýaly äri, eger ol kejine tutsa, onsoñ
356
itgyranyñ çölünde bu wagt ol nädip başyny çarasyn? Är gazabyna
tutsa, ýuwha nämemiş?! Şemşat häzir adaty aýal ýaly ejir çekýär,
Aman mundan bihabar, entegem ikirjiñlenmesini goýanok, Rahman
mollanyñ pirimini haçan ulansa ulanaýmaly – bellisi ýok. Gözüniñ
gyýtagy töwereginde. Ýuwha içinden: ”Duzaga düşdüm – diýip,
urunýana meñzeýär, – Bu kakabaş işimi gördi! Düşegimi aýralamadym, ýalñyş etdim, öz sowuklygyma uýdum...” Şemşat ýüzüni sallap, äriniñ yzyndan çatma girdi.
– Näme?
– Düşek sal, ýatjak, kelläm ýarylyp barýar.
– Ýok! – Şemşat onuñ gapdalyndan syçrap turdy. – yssyñ içinde
señki näme! Owal janymy zordan saklaýan! ”Kelläñ agyrany haçan,
gylmanyñ gyl keseni haçan.
Aman hyrçyny dişledi, oña gözüni ýuman bolup ýatybermekden
başga alaç galmady, soñam irkilip turdy-da, günortanlygyny edinip,
jokrama yssy gowşaşan badyna ýañadandan guýa sallandy... ”Menden bu gün saña kömek ýok, öz günüñi özüñ gör!” diýip çatmada
galan Şemşat jany durman, birsalymdan guýynyñ agzynda salgymlap
göründi; Amanyñ oña rehimi indi, derdiniñ sebäbini bilmese-de,
Şemşadyñ biline urlan ýylan ýaly ýeten ýerde sulugyp ýatmasy, tursa
süýrenip ýörmesi onuñ badyny aldy: ”Aýal diýilýäniñ düşnüksiz
zatdygyny, kowsañ gaçýar, gaçsañ, kowýar, edil itiñ bar-da!” Ol
pirimini agşama goýdy. Agşam ýagşy garañky düşüp, şamlyklaryny
iýensoñlar, aýalyna ”düşegi giñden ýaz” diýip emr etdi, Şemşat
kaýyl boldy, ýöne arasynda Amanyñ gözüne güýdüşüp, çatmanyñ
daş işiginde suwly kündügi goýdy...
Olar düşege geçdiler. Ýuwha Amanyñ är güýjüne boýun boldy,
diýlenini etdi. Işini bitiren Aman gaty ýadan kişi bolan bolup, gözlerini ýumdy, horrulda berdi... Aýaly uzak eglenmän, ýorgandan ýylana öwrülip, towlanyp çykdy, Aman gözüniñ gyýtagy bilen aýalynyñ
şondan soñky bolşuny demini alman synlady. Şemşat, ýagny ýapýañyja Şemşat bolup ýatan äpet ýylan usullyk bilen suwlunyp çatmadan çykdy, kellesini ýokaryk galdyryp, suwly kündügiñ boýy
bilen boýdaş boldy, soñam kellesini kündügiñ agzyndan sokdy, zordan saýgardýan gymyldyny gorkudan ýaña titräp seredip ýatan Amanyñ guýruga ýetýänçä gözleri ýadady gitdi, ýylan kündügiñ içine şol
girdi gitdi oturdy... Az salymdan-da kündükde ýitip giden äpet ýyla357
nyñ kellesi çatmanyñ agzynda göründi... Aman içinden kelemesini
öwürdi-de, doññara daşa dönüp ýatyberdi, ýylan oña zyýan etmedi,
düşege geçip, ýene-de aýal sypatyna girdi, Amana gysmyljyrady,
usurgap ýatan Amanyñ togar-togar saçyny diñe onuñ özüne düşnükli
sowuk mähir bilen sypalady; şübhä ýer galmady, Amanyñ aýaly –
ýuwha; Rahman mollanyñky hak... Ýöne indi bu işigaýdanyñ ögäp
ýörmesi nämeden? Aş saýlap ýören-ä däldir-dä?
Ertesi howa ýagtylan dessine Aman hasyrdap düşekden turdy-da
derrew daşaryk çykdy, uly hossaryny gören dek Güne bakan ýöredi,
ony ýüzüne syldy. Güneşe gark bolup ýatan dünýäni görende, onuñ
birneme göwrümi giñedi, ýöne bu uzaga çekmedi, gaýgy-alada
gaýtadan basmarlady; ol aññatdan aññada münüp-düşüp, öñküdenem
beter gaýga çümdi: näme etmeli? Bu işigaýdan iki gat bolupdýr,
özem ýuwha; ýýlanam bolsa, içýanam bolsa, indi göwresinde öz
çagañ bar... Aman howlap, depe-depe aşdý, düýrmegi bilen aññatdan
aşak togarlanybam gördi, çägäni bagyrtlady, iñledi: ”Betbagt Aman,
betbagt! Indi seniñ ýuwhadan çagañ bolar! Şu çaka çenli aýalyñam
ýokdy, çagañam, indi aýalyñam bar, çagañam boljak, ýöne olardan
nädip dynmaly? Rahman mollanyñ pirimini indi ulanyp boljakmy?
Şemşadyñ özüni ýaksañ, göwresindäki çagany nätjek, olam ýanar!
”Itden bolan gurbanlyga ýaramaz!”, mundan önen çaga iru-giç meni
çakyp öldürmese ýagşydyr, öz edip bilmedigini çagalary eder, bu öz
göwresinde maña duşman ýetişdirýär, hä diýmän meniñ daşymy
ýylan çagalary alar! Eý, Alla! Men nä günlere düşdüm?! Müjerret
öten bolsam, mundan müñ paý gowy bolardy! Dynmaly, dynmaly,
çaltrajyk nätmelem bolsa etmeli! Kime geñeşjek? Kim saña maslahat
berjek? Hany häzir onuñ toýunda saz çalanlar, ýagly palaw iýip,
murtuny ýaglanlar? Olardan nepaga ýok, näme etse, ýeke özi etmeli,
öz başyny özi çaramaly, o-da dilde añsat, çaga gerekmi ýa-da jan
derrew belli etmeli! Agşama galmaly däl, öýlän guýudan suw çykar,
onsoñ hemmesi gutardygy. Suwa çenli birki depik galandyr, guýa
girdigi ol depikleri almasa, çäresi ýok. Ýöne bu ölüm howply...
”Guýynyñ çöwlügine göwnüm ýetenok, berkideýin” bahanasy bilen
Aman ýene-de bir günlük wagt utdy. Ine-de, bu gün öýlän olaryñ
suwy tañkyrady, pamyk bilen dodak ölläre-de damja galmady, eşek
bilen iki düýe iki hepde bäri ýandak iýip, suwsuz mydar edýärler,
358
olaram eñegini suwa basmasa, bu itgyranyñ çölünden çykyp bilmezler, ýöne kündük görnenok, Şemşat ony nirede gizledikä?
Aman çöwlük üçin sözen ýygmaga gitdi, Şemşat çatmada süýnüp
ýatyr, onuñ sary getiren ýaly zerewşan ýüzündäki ýukajyk dodaklary
kemşerýär, uzyn dili bilen zol-zol kepäp duran dodaklaryny ýalaýar,
haly teñ; Aman içini hümledip, guýa çöwlük örýär, bir getireni bilen
oñman, iki gitdi, üç gitdi, wagt utjak bolýar, ölçerip-dökýär, belli bir
karara gelip bilenok...
Ýuwhadanam bolsa, Amanyñ öz çagasyny göresi gelýär, ol nähili
çagajyk bolarka? Hemme ýeri ýuwha meñzäp durubermez-ä, azdakände Amana-da meñzemeli bolar-a, diýmek, onda hökman adam
sypaty bolaýmaly, a belki... Aman çapmaga baran sözeniniñ
düýbünde düýrlenip, dyzyny gujaklap oturdy; belki, onuñ ogly bolar?! Amanyñ ýüregi ersip gitdi, ogul...
Aman kyrka bardy, ol indi zürýatsyz ötmelimi? nämüçin! onuñ
ilden nämesi kem? Obada sümügini dyzyndan edip, şapadañlap ýören çagalaryñ arasynda nämüçin onuñkylar bolmaly däl? Ýok, –
Aman öz-özüne gahar etdi: – ola-ha ýuwha ekeni, al-arwah dogursada – ol meniñki, adamlaryñ arasynda ýaşasa, iru-giç adam hasabyna
girer; adam ogluna adam diýerler, başga näme diýsinler? Amanyñ
ogly diýerler. Diýerlermi – ýokmy?! Aman iki oduñ arasynda galyp
çabalandy, muny indi belli-bes etmeli, ertir giç bolar, şu gün, şu gün
çözmeli: ýa Şemşatdan dynmaly, onda çaga-da gidýär, ýogsa-da
ýuwhadan bolan çaga kaýyl gelmeli: çakyp öldürse-de, diriligiñe
ýuwutsa-da öz çagañ; göwredäki çagañ ganyna galyp, Aman dowzahyñ oduna ýanmaz!
Ol guýy bilen sözenligiñ arasynda gatnap ejir çekýär, Şemşadam –
çatmanyñ dulunda; onuñam endişesi özüne ýetik, ”ah” çekýär, ahmyr
edýär: Göwredäki çagany nätmeli? Kowumdaşlaryñ arasyna ýol
ýapylýar. Olar ony üýşüp, çakyp öldürerler. Iki arada dar ötüge duçar
boldy, gäp basdy, ahmal däldi, ýöne ahmal galdy. Adamlaryñ arasyna girip, olardan özüni ýokarda saklamak oña eýgertmedi. ”Dynmaly... – diýip, ol bir aýlawda yzgytsyz pikire geldi. – Çoçgara çolaşmaýyn, adamzat bilen haýwanatyñ arasynda serimsal bolup galsam,
men kime gerek? Ýa eýläk, ýa beýläk bolmaly: çaga dogdugy älemde menden betbagt tapdyrmaz; onsoñ men kim bolaryn? Ol çatma359
nyñ yşyndan salgymlap görünýän ärine seredip, uludan demini aldy:
betbagt...
Aýgytly karara gelen Şemşat ýerinden syçrap turdy, ylgap daş çykdy-da, çatmadan taýak atym beýledäki ýarysy çägä gömlen gara
öýüñ üstüne dyrmaþyp ugrady; gujagy sözenli alañdan inip gelýän
Aman bu bolýan işe düşünmän, añkaryldy: Şemşat näme etjek
bolýar? Aýaly eýýäm gara öýüñ tüýnügine ýetip barýar. Gujagyndaky sözenleri başyndan aýlap uran Aman gara öýe garşy eñdi. Ol
eýýäm nämäniñ nämedigini añana çalym etdi.
– Dur! ”Dur!” diýdim men saña! – aýalynyñ öýüñ çür depesine
ýetip barýandygyny gören Amanyñ huşy başyndan uçdy. – Dur!
Beýtme, Şemşat, beýtme! Näme diýseñ, men kaýyl, çaga rehimiñ
gelsin! Saklan! – onuñ aýagy sazaga ilip, şarpyldap ýere ýazyldy,
ýene turup ylgady. – Şemşa-at! Päliñden gaýt! Men hemmesine
kaýyl, baryny bilýän, Şemşa-at, meniñ senden başga hiç kimim ýok,
ýaşaşa-aly! Men saña hiç zat diýmäýin, ertir suw çykýar, Şemşat!
Şemşat oña añkarylyp, aýagynyñ aşagyna seretmedi, şol barmanada, ýagyşa-ýagmyra, Günüñ jöwzasyna pakyry çykan uklaryñ biri
döwlüp, ol aşak, gara öýüñ içine kelemenläp gaýtdy. Şemşat jynssyz
ses etdi, Aman okdurylyp, öýüñ içine kürsäp uranda, ol özüni bilmän
ýatyrdy. ”Işigaýdan!” diýip, Aman ony gujaklady, soñam ýigrenç
bilen itip goýberdi.
– Sen bilgeşli şeýtdiñ, ýuwha!
Şemşat onuñ gykylygyna usullyk bilen gözlerini açdy.
– Ýuwaş, oglan, gören-eşiden näme diýer...
Aman başyny alaçsyz aşak saldy, gozganman oturdy. Şemşat onuñ
ýüzüne duýgudaşlyk bilen seretdi, Amandan ses-üýn ýok. Onsoñ ol
ýagşydan-ýamandan dil ýarman, aýalynyñ başyny sypalady-da,
öýden çykyp, ýüzüni sallap, guýa garşy gitdi hem-de şondan soñ tä
suwa ýetýänçä guýydan çykmady...
Çary-kitabyñ çöle çykandygy paýtagta ýetende, jenap ýoldaş Prezident dag jülgesinde, üzüm dalbarynyñ kölegesinde öz ”Pähimler”
kitabynyñ bu ýyldaky elli ikinji tomuny ýazyp otyrdy. Şondan soñ ol
tä täze ýyla deñeç döredijilik işlerinden dynç almakçydy. Ol ýurt
möçberindäki täsin habary alan badyna öz halypasynyñ kitabyny
açdy-da, ”Uçgundan ýalyn tutaşar!” diýen jümläni okady. Ony:
”Kiçijik otdan uly ot tutaşar!” diýip, öz ”Pähimlerine” goşdy-da,
360
ýañy-ýakynda ýurduñ ”Ümsümlik” müdiri edip bellenen Kakabaý
Garasöýmezi öz ýanyna çagyrdy.
– Men seni watançylaryñ watançysy edip belledim, Watany halas
et: Çary-kitaby tap! Bellenen tertipde hereket ediñ, Aman sesini çykarmaz, basym onuñ ekiz çagasy bolmaly, onda ata mähri oýanyp
ýörendir. Bar!
Kakabaý Garasöýmez göwresine ölçelip tikilen harby lybasyna
ykjam öwrenişipdi, şonuñ üçinem ol dürli şertlerde gaty ýöremäge
ökdedi. Hiç bir pidanyñ ondan gutulyp bilmejegi görnüp durdy.
Amanyñ gözleginde çölde aç-suwsuz entäp ýören Çary-kitap bu wagt
pyşdylyñ yzyndan ýetdi.
– Eý, pyşbaga! – ol mytdyldap barýan pyşdyly eline aldy, onuñ daş
arkasyny sypalady. – Sen niçiksi okumyş, köpügören? Nädip bu
dünýäde beýle arkaýyn ömür sürmäni öwrendiñ? Maña-da il üçin
ezýet çekmän ýaşamany öwret, daş çanagyñy karz ber, bes, menem
kösenmäýin, köýmäýin, üç ýüz ýyl ýaşaýyn.
Çary-kitap pyşdylyñ yzyna düşüp, çölden-çöle aýlandy, ol ne güni
bildi, ne hepdäni, ne aýy. Käte bir eglenip, öñünden gidip barýan
pyşdylyñ guzlan ýumurtgasyny lak-luk atýardy-da, ýene gidiberýärdi. Bir günden bir gün ol Amanyñ ýaşaýan obasyna ýetdi, salamlaşdy, agzyny öweltdi. Amanyñ bir özi küren oba: öz eli, öz ýakasy,
partiýa-da ýok, Býuro-da, müdirem ýok, arçyn-da. Çary-kitap sesini
çykarman, Amanyñ hataryñ çetinde edinen sümelgesini, oraçanyñ
orruk ortasynda hana-bizar bolup oturan boýny uzyn aýalyny ykjam
synlady, daş işikde çägäniñ üstünden tirsegine daýanyp, gyşardy.
– Hany Aman?
– Aman awda, meýdana çykyp, guş-gulan urýar.
Çary-kitabyñ sorag bereni-bermedigi des-deñ boldy, Şemşat şondan
soñ oña kemteresinden ”barmysyñam?” diýmedi. Çary-kitap onuñ
ekiz çaga dograýmagynyñ ahmaldygyny güman etdi-de, öz ýoluna
gitdi. Giç öýlänler keýik-towşan awlap ýören Amanyñ yzyndan ýetdi.
– Salawmaleýkim!
– Waleýkimessalam!
– Aw ganly bol-a!
– Tañryýalkasyn!
– Güzeran niçik, nirede otlap, nirede suwlaýañ?
361
– Güzeran ýok, ýöne aç-da ölemok: ot çyksa-ha otlaýan, suw çyksada – suwlaýan, kişä garaşly zadym ýok. Şeýle bir garyp düşdüm –
hatda hiç kime bergimem ýok! Men öñ il içinde ýetim däl ekenim,
ýetim indi boldum. Bu dünýäde meniñ barym-ýogum deñ, adam
ogluna gerekdirin öýdemok, sen meni nädip tapdyñ?
Çary-kitap özüni çägäniñ üstüne goýberip, ýerde ýatan sazak çöpjagazýný alýp, pýşdýlýñ etiniñ öz dişiniñ arasynda galan bölejigini
gorjap çykardy-da, gapdala ”püfläp” goýberdi.
– Obanyñ ýagdaýý agýr.
– Haýsý obanýñ?
– Ikimiziñ obamyzyñ.
– Günortanyñ garañkysy. Meniñ ýatyp dynjymy almaly wagtym
boldy, öýkeleme. Sen paýtagtdan geldiñmi?
– Ýok. Sen piliñ gulagynda uklaýañ, ol ýene öñki ýerine göçüpdir,
özüm gördüm.
– Seniñ munyñ erteki: obanyñ ilersine göçürilip getirilen dagy,
onuñ çür başyndan şaglap gaýdan bulagy nätjek? Dagy öñki ýerine
göçürdiñ-dä, onuñ añrysyna göçüp gelen daşary ýurdy nätjek? Dag –
geografik päsgelçilik: onuñ añrysynda hökman daşary ýurt bolaýmaly, bu – gutulgysyzlyk! Sen ony bileñokmy?
– Belki, bilsem bilýändirin, ýöne ýadyma düşenok. Ikimiz dilimizi
birikdirip, oba dolanaly, adamlar ikimizden umyt edýäler. Sen nämuçin halky ýeke goýduñ?
Gözýetimde keýik ýa towşan görnäýmezmikä diýip, uzaklara eserdeñ seredip oturan Aman añrylygyna gülümsiredi:
– Bilýäñmi näme, men saña bir wakany gürrüñ bereýin. Arada men
aw awlap, gaty uzaga gitdim. Ýadap, suwsap, iñ soñunda ymgyr
çölüñ içinde bir kölüñ üstünden bardym. Kölüñ içi durşy bilen aw
guşy: ördek, gaz. Görsem, onuñ ýakasynda biri gezelenç edip ýör.
Süýşenekläp baryp golaýyndan seretsem – jenap ýoldaş Prezident!
Gozganmaga gorkup, demimi alman ýatyberendirin, onýança-da
peýwagtyna gezip ýörşüne ol partyldadyp şeýle bir ýel goýberendir
welin, kölüñ sürli ördegi güsürdäp, dik asmana göteriläýse nädersiñ!
Meniñem hut imanym goçdi, ynanaý, onuñ güýji güýç däl, ol bize
başartmaz…
362
Onýança depäniñ añrysyndan bili egri gylyçlý, eli aýpaltaly Kakabaý Garasöýmez göründi. Ol gelşine Çary-kitaba ýüzlenip zeýrenmäge başlady:
– Erbet suwsadym! Sen maña içigaraçylyk edip, çöle çykansyñ.
Meni suwsuz öldürjek bolansyñ. Bu haty oka-da, derrew gol çek!
– Men ölümimi öýüme buýrmadym. Meniñ oña pulum ýok. Sen
nämüçin geldiñ?
Garasöýmez möhürli kagyzy onuñ gözüne sokaýjak boldy.
– Seni ilkinjileriñ hatarynda mugt atmak barada hökümediñ karary
çykdy. Haýyr-yhsan kömegi hökmünde ýetirinip bilmeýän maşgalalaryñ bu çykdajylaryny indiden eýläk oba müdirlikleri öz üstüne
almaly. Şu gün irden jenap ýoldaş Prezident degişli Permana gol
çekdi.
Çary-kitap kellesini tutup oturdy, ýöne öz gözleriniñ gyzgyn çägäniñ üstüne gaçmagyndan gorkup, ýüzüni galdyrdy.
– Jenap ýoldaş Prezident meniñ günämi geçmedimi? Geçen ýyl hat
iberipdim.
Garasöýmeziñ sabrynyñ azalyp barýandygy bildirdi, ol gylyjyny
syrdy.
– Sen nä poçta gullugynyñ işiniñ haýaldygyny bilmän, Aýdan düşdüñmi?! Jenap ýoldaş Prezidentiñ özi-de möhüm permanlaryny bize
daşary ýurt radiosynyñ üsti bilen ýetirýär!
– Meniñ näme günäm bar? Men hiç bir jenaýat edemok, diñe sesimi
çykardym.
– Nä indi meniñ çagajyklarym seniñ jenaýat ederiñe garaşyp oturmalymy? Meniñ aýlygym – eden işime görä. Sen meniñ keýpime
sogan dograjak bolma. Günäñi geçseler, soñ geçibersinler: patañy
alarlar, aýat-töwir ederler, şondan beter saña näme hormat gerek?!
– Bilemok... – Çary-kitap egnini gysdy, – haýsynyñ gowydygyny
näbileýin: ýaşaýyş gowymy ýa-da ölüm...
– Ine, bilmeseñ! – Garasöýmez aýpaltany Çary-kitabyñ boýnundan
salmak üçin howada galgatdy. Ýöne birden birzat güpbe ýadyna
düşüp, saklandy: – Hany, meniñ paltahakymy ber!
– O nähili paltahak? Sen nä meniñ kellämi palta bilen çapjak
bolýañmy? – Çary-kitap ör-gökden geldi.
Garasöýmeziñ öz ene diline nebsi agyrdy:
363
– Seniñ hak ýeriñ Diller institutynda, arman, ýöne indi oña wagt
ýok. Paltahaky bilmän, sen näme işleýäñ? Men öz etjek işimiñ hakyny talap edýän, kellesiz adamynyñ jübüsinden pul çykaryp bilmejegi
belli. Ýagşylyk edip, özüm gözläýemde, jübüñden paltahakylyk pul
çykjakmy?
– Maña az-owlak karz bermeseñ boljak däl, men obadan sowalgasyz çykdym, ol ýerde pul ýok – Çary-kitap Amana ýalbardy. – Maña
karz berseñ, dilhaty bereýin, eline pul düşse, aýalym meniñ bergimi
üzer.
Aman oraçasyna gidip geldi-de, oña paltahakylyk getirdi.
– Çölüñ içinde kagyz pul ýok. Men bulary çägäniñ içinden çöpledim: gyzyl-kümüş şaý-sepler. Bolarmy?
Şaý-sepleri eline alan Çary-kitap Garasöýmeze ýalbardy:
– Aýalyma, çagajyklaryma iñ soñky salamymy ýetirseñ, onuñam
hakyny ”paltahakyñ” üstüne goşaýyn...
– Bolýar. Ýöne sen meni parahordyr öýdäýme, men muny pul üçin
däl, obadaş bolanyñ üçin edýän.
Gyzyl-kümşi Garasöýmeziñ eline tutduran Çary-kitap Amana dilhat
çyrşap berdi. Aman ony epläp balagynyñ jübüsine dykdy-da, atdanlykdan palta degäýmesin diýip, gyra çekildi. Şaý-sepi görende çykyp
duran çekgeleriniñ üstündäki bulanyk gözleri ýalpa açylan Garasöýmez:
– Onda işe başladyk! – diýip, zähmetsöýerlik bilen seslendi.
– Men Amanyñ myhmany! – diýmäge ýetişen Çary-kitabyñ kellesi
şol demde çägäniñ üstünden togalanyp gitdi. – Ol meniñ ganymy
alar!
Garasöýmez başyny ýaýkady.
– Görýäñmi, bu çyn bozgak, özem gaty howply. Ol seni-de bozgakçylyga çekjek bolup gelendir. Ýöne ony diñleme, sen nesil öndürmeli, özüñi aýa! Biziñ senden tamamyz uly.
– Sen ony öldürmeli däldiñ, ol meniñ myhmanymdy…
Jellat çapgy ýassygy ýaly ýasy ýeñsesini gaşady.
– Nämüçin sen muny öñünden aýtmadyñ? Aýdan bolsañ, men tölegine görä bolardym. Seniñ gyzyl-kümşüñ gutaran däldir-ä?
Aman goltugyndan birki sany agyr gülýaka, bukaw çykardy:
– Ine…
Jellat bezegleri gözden geçirdi, hoş boldy:
364
– Bu başga gep. Ýöne bilýäñmi näme, hökümediñ kararyna garşy
çykanyñ üçin men seni tussag diýip yglan edýärin. Seniñ ýañky gepiñden pitnäñ ysy gelýär. Diliñ düzüw däl, şonuñ üçinem seniñ hak
ýeriñ Diller institutynda – ol arkan gañryp, Amanyñ ellerini dañdy: –
Düş öñe!
– Men aýalym bilen hoşlaşaýyn. Onuñ aýagy agyr.
– Belet. Sen ony azara goýma. Bu taýy – onuñ öz hak öýi, başyny
sensizem çarar. Ýöre!
Olar uzak ýörediler. Soñra görseler, yzlaryndan bir kowgy gelýär.
Jellat Şemşady tanap, hoş bolup ýylgyrdy.
– Haklaşmaly gün gelip ýetdi. Meni iki bolup entedeniñiz ýadyñyzdamy? Gel bakaly, sen gyrnak!
Şemşat kä ýylana öwrülip, kä aýal sypatynda jellat bilen bir meýdan
gidişdi. Ýöne ýaragly erkek bilen onuñ döwi nädip deñ gelsin? Garasöýmez ony öldürdim edip taşlady-da, çägä gömlüp ýatan Amanyñ
böwrüne depdi:
– Ýöre! Ýogsam men ajygýan hem suwsaýan!
Olar ürgün çägä batyp-çomup, öñe ugradylar. Kesilen kellä
meñzäp, alysdaky alañyñ üstüne gaçan Gün bu wagt ony gan
reñkine boýap, añrylygyna aşyp, ýaşdy gitdi.
365
20. Kepjebaş, Zemzen we Kişmir
Ertesi ir bilen göge göterilen Gün alañlaryñ arasynda ýiti nazaryny
näçe gezdirse-de Çary-kitabyñ jesedini düýnki ýerinden tapmady.
Gije turan ýel ýyldyzlaryñ ýagtysyna onuñ jesedini ürgün çägä duwlapdyr, üstüne-de çala sudur gubur galdyrypdyr, aỳal jynsly ýylanyñ
bolsa, yzy-da galmandyr. Onsoñ dem saýyn belentlige göterilip
barýan Gün öz şöhlesini giñişlikde bedew kimin gezdirip ýörşüne,
uzak eglenmän paýtagtyñ çetinden girdi, bu ýerde basym onuñ sansyz otly naýzalary jenap ýoldaş Prezidentiñ Köşgüniñ altyn gupbasyna direldi. Soñra-da gitdigiçe töwerege ýaýrap, güberilip oturan
binanyñ aýnalaryndan gezekli-gezegine jyklap, içindäki bolup
geçýän zatlary synlamaga başlady. Köşgüñ çetki otaglarynyñ birinde
bu wagt Kepjebaş ”Jan gerekmi, pyçak?” diýen aldym-berdimli soraga dürs jogap agtaryp, janyny gynaýardy: başyñy gutarmak üçin
Köşkde galmalymy ýa-da Köşkde galmak üçin – başyñy gutarmaly?
Özi üçin iñ haý-haýly pursadyñ gelip ýetendigini ol añlaman duranokdy, soñky günlerde öz töwereginde bolup geçýän hadysalaryñ
hemmesiniñ-de diñe bir zatdan – bu ýerde gününiñ sanalgydygyndan
habar berýändigini ol bireýýämden bäri bilýärdi. Köşge nämüçin
getirilendigini-de güman etmän duranokdy, megerem, ilkibaşdan
onuñ içini bilip, onsoñ gije-gündiz gözleriniñ alnynda saklamak isländirler? Diýmek, ol bu ýere gelmek bilen ilkibaşdan gurulgy duran
duzaga aýak basypdyr. Eýsem indi dem salymdan ýazjak bolup duran duzakdan başyñy gutarmak üçin näme etmeli?
Ol uzynly güni bu kyn sowalyñ çözgüdini gözläp geçirdi, ýöne Gün
Köşgüñ aýnasyndan oña iñ soñky gezek nazar aýlanda-da, ol özözüne şol bir soragy berýärdi: nädip abanyp gelýän aýylganç howpdan gutulmaly? Nädip ozal-başdan ýüregine düwen maksadyna ýetmeli, öz kowumdaşlarynyñ, ümmülmez giñişliklerde ardurja burça
gabalan janly-jandarlaryñ örüsini giñeldip, olara ata-baba ýazylganlygyny gaýdyp bermeli? Eýsem şunça ýollary geçip, horluklary görüp, iñ soñunda onuñ bar başaryp biljegi diñe öz başyny gutarmakmy?..
366
Gep şuña gelende, başga bir jandar däl-de, eýsem bu gyzgyn topragyñ hut öz perzendi, yzgytsyz Kepjebaşdygy ony töwekgelçilikden
doly gorkuly ädim ätmäge itekledi. Öz üstüne abanan ölüm gorkusyny añry ýany bilen duýsa-da, haýsydyr bir öwrümde onuñ gedemlik
damary şaklap gatady-da, oña etjegini etdirmedi, howply ýoldan
sowulmaga idin bermedi; netijede ol iñ soñuna çenli näme bolsa
görmeli diýen karara geldi: çöli tozduran, kowumdaşlaryny gyranjyrana salan, onuñ dünýäsine elhenç talañ salan adamlar bilen iñ
soñuna deñeç gidişmeli! Şeýlelikde, entek gözleri öz ýerinde tegelenip durka gahar ony kör etdi...
Ýogsam çölüñ betbagtçylygynyñ diñe bir janly-jandarlaryñ däl-de,
eýsem adamlaryñ hut özleriniñ-de iñ uly betbagtçylygydygyna Kepjebaş bireýýäm göz ýetiripdi. Onsoñ, ýeri, kimden hem nämüçin ar
almaly? Öz boýnundan syrtmak salyp, asylmaga taýynlyk görýänden
ar almak dogrumy? Asla ar almak maksatmy ýa-da ýöntem hyjuw?
Tozdurylan tebigatyñ, aýak astyna salnan biçäre janly-jandarlaryñ
ähli betbagtçylyklarynyñ simwolyna öwrülen Köşk eýeleriniñ merkini bereniñ bilen meseläniñ çözüldigimi? Kepjebaş ikirjiñlendi:
belki, ol başgaça göreşmelidir, ýöne nädip? Onuñ mundan öñki eden
synanyşyklary puç boldy, rehim-şepagaty bilmeýän gurluş ony ýüzüniñ ugruna özüne peýdaly nurbata öwrüp, peýdalandy gitdi. Dogrusy, onuñ şu güne deñeç adamlaryñ arasynda eden işleriniñ hemmesi öz tutan maksadynyñ garşysyna bolup çykdy. Onda adamlaryñ
arasynda galyp, ol mundan beýläk näme peýdaly iş edip biler? Belli
däl. Belki, iñ gowusy oña birnäçe biweç adamynyñ teninden öz ýiti
dişlerini geçirip, diri galmak we çöle dolanmakdyr? Göräýmäge, bu
ýerde ullakan bir kynçylyk ýok ýaly, ýöne munuñ üçin pursat gerek.
Pursat üçinem Larin bilen jenap ýoldaş Prezidentiñ arasyna düşmegi
başarmaly. Kepjebaş öz ýylan paýhasy bilen ölçerip-döküp, bir zady
belledi: oña ýa-ha şol iki aradan özüne ýer edinmek, ýogsa-da ölümini boýnuna alýp, olar bilen başa-baş garpýşmak galýar. Eger ol
pälinden gaýdýp, çöle gaçsa, başýný gutarsa näder? Ýok, onda-da
aman sýpjagýñ belli däl, Köşgüñ jansyzlary gije-gündiz onuñ yzynda, görünmeseler-de, Kepjebaş olary syzýar. Köşkde onuñ ýekeje
hereketini-de gözden salanoklar, şonuñ üçinem gös-göni Larine ekjeşip görmeli. Belki-de, jenap ýoldaş Prezident ondan dynyp bilmän
367
ýörendir? Eger şeýle bolsa, onda Kepjebaşyñ diri galmak şansy
artýar...
Görsene muny, entek Köşge aralaşmanka, onuñ öñünde birnäçe ýol
ýatyrdy, bu gün ol ýollar gömüldi: indi ýa-ha ýaşaýyş üçin göreşmeli, ýogsa-da Köşge boýun sunmaly. Kepjebaş ýylan gedemligi bilen
dikleşigi saýlap aldy. Ol Köşgüñ içi bilen öñe süýşenekläp ugrady.
Imisalalyk. Näçe aýlansa-da, tä jenap ýoldaş Prezidentiñ ýatýan otagynyñ gapysyna golaýlaýança onuñ öñünde gara görünmedi, ýogsam
her öwrümde entek burçdan öwrülmänkä añyrlarda bir ýerde nähilidir bir aýak sesleri, düşnüksiz hümürdiler hem gijeki zarpçy zähmediñ alamaty bar ýalydy.
Lariniñ ymyzganýan otagynyñ gapysyndan boýnuny usullyk bilen
uzadanda, onuñ öz ýerinde ýokdugyny gören ýylan tolgundy, ol niredekä? ”Larin!” Ol tasdanam onuñ adyny haşyrdap tutupdy, ýagşy
wagty saklandy, haçja kimin dilini çykardy, gapydan boýnuny uzadyp, otagyñ içine mazalyja ser saldy, kim bilýär Lariniñ niçiksi oýun
gurýanyny? Belki, ol kürsüniñ aşagyna girip, onuñ bu taýyk gelerine
garaşyp ýatandyr? Lariniñ öz garşysyna gurup biljek ýat pirimleri
göz öñne gelende, okumyş ýylanyñ sowuk teni gyzyp gitdi... Emma
ýylanyñ ozal-ebedinde zandyna guýlan bilesigelijilik ölüm howpundan-da ökde çykdy, şonuñ üçinem az salymdan daşky jaýda onuñ
diñe jontuk guýrugy galdy, göwresi suwlunyp, jenap ýoldaş Prezidentiñ ýatýan jaýyna süýşenekläp girdi, şonda onuñ gözleriniñ sowuk sary jübti nämeleri gördi! Larin bilen jenap ýoldaş Prezident,
hamana, bu wagt gijäniñ birmahaly däl-de, eýsem gündüziñ günortany ýaly garşyma-garşy oturyp, ýurduñ syýasy kartasynyñ üstünde
pully humar oýnap otyrdylar. Jenap ýoldaş Prezidentiñ tirseginiñ
aşagynda galan ýeriñ ölçeginden çen tutup, ýylan ýurduñ ýagdaýynyñ gowy däldigini añşyrdy, dünýä ýagtylýança, megerem, jenap
ýoldaş Prezidentiñ şahsy güýmenjesi – garaşsyzlygy çaga oýnawajy
dek elinden gitse gerek? Ýylan onuñ üçin tenini gyzdyrmaz, ýöne bu
söwdanyñ gynançly ýeri – çölde ýene-de çüýşe döwügiñ, zir-zibiliñ
artjagy. Ýurdy gul dolandyrsa, ýykgynçylyk üçin kimden hasabat
sorajak? Guldanmy ýa-da gul eýesinden? Iñ bärkisi ýönekeýje düşnükliligiñ hatyrasyna ýylanyñ häzir jenap ýoldaş Prezidenti goldasy
geldi, derrew oña kömege ýetişjekdem, emma nädip onuñ ugrundan
gopmalydygyny biljek? Aslynda onuñ ugry barmy? Jenap ýoldaş
368
Prezident gijeki humary diñe Larin bilen oýnaýar, Lariniñ-de bu
oýna özünden başga adam ogluny goşmajagy aýdyñ, ýöne Kepjebaşy
näderkä?
Ýylan öz janyny gul-gula salýandygyny bilse-de, indi iş-işden
geçipdi, ol jenap ýoldaş Prezident bilen Lariniñ arasynda oýnalýan
oýna goşulmagy ýüregine düwdi, ony bu wagt indi hiç kim, hiç zat
ýolundan gaýtaryp biljek däldi. Ol aslynda adamlaryñ arasyna nämüçin geldi: bu oýna goşulmak üçin dälmi? Adamlaryñ birine öwrülmek üçin dälmi? Oýna girmezden, nädip olary öz oýnunda utjak?
Gyzza-gyzza gelende janyny humara goýmajak bolsa, onda nämüçin
ol çöli taşlap gaýtdy, munça görgüleri gördi? Eýsem bu ýolda ol
ýaman işleriñ haýsy birinden gaýtdy? Olaryñ içinde gulagy eşidende,
entekler adamlaryñ inini tikenekletjegi az däldir, birnäçesini nämüçin
edendigine onuñ özi-de düşünip bilenok: gabadyna geldi – etdi, ol nä
kimdir birine hasabat okamalymy? Häzir ol iki öwrüm bärde adam
sypatyna girip, içki jaýda ýurduñ syýasy kartasynyñ üstünde humar
oýnap oturan jenap ýoldaş Prezident bilen Lariniñ üstünden barar.
Tötänden. ”Ukym tutmady, sizi göresim geldi” diýen bor, olar muña
jinnek ýaly-da ynanmazlar, ýöne kowmazlaram. Nähili aýylganç
pursat... Eýsem okumyş ýylanyñ ömri şeýle paýawlamalymy? Eýsem
onuñ özi başgalaryñ janyny almak üçin ýaradylan dälmidir? Ýöne
edil häzir ol awça däl-de, eýsem awa, jellada däl-de, pida has ýakyn.
Elbetde, bu rehimsiz duşmanlary ony duran ýerinde tike-tike
edäýmezler, ýok, Köşgüñ içinde gan-kok göresleri gelmez, ýöne
Taryh muzeýi näme işleýär?! Elleri orta asyrlarda ýasalan gödeñsi,
posly demir gysaçly ýigitleriñ eline düşeni aman sypdyrmajagy görnüp duranokmy näme? Adamynyñ gutulmadyk belasyndan ýylanyñ
gutulybiljegine onuñ indi gümany güýçli. Ýylan öz pikirine özi
haýran galyp, badyny haýallatdy... ”Adamynyñ gutulmadyk belasyndan ýylana-da gutulmak ýok...” Nämüçin bu pikir oña çölde erkana
gezip ýörkä gelmändir? Ýerlikli pikir, arman, entek onuñ dogrudygy,
nädogrydygy anyk däl, haýsy-da bolanda, subuda mätäç. Ýeriñ ýüzünde adam tohumynyñ tükenenini görmän, nädip belli bir netijä
geljek? Adamlar bilen jandarlar dünýäden bir wagtda göterilseler
niçik bor? Ýok! ýok! Beýle däl, beýle bolmagy mümkin däl! Adamynyñ rysgy aýry, emeli, onuñ ýoly çäkli, onuñ gitse-gelmeze
barýany görnüp dur, muny onuñ özi-de her kesçe bilýär, jandaryñ
369
rysgy – tebigatyñ rysgy, onda nämüçin men häzir Larin bilen jenap
ýoldaş Prezidentiñ üstünden barýan: ajalyma howlugýanmy? Bu
meniñ kyrk ýyllyk okuwumyñ iñ soñky sapagymy? Ýylanyñ näçe
diýseñ içini hümledýändigi onuñ alkymynyñ ýaýrap barşyndan bellidi, belki, ol gizligin ýigrenç bilen gülümsirändirem? Bir zat welin
belli: ol öz ölümine ynanarly däl, ähli janly-jandarlardaky ýaly okumyş ýylanda-da öz ölümiñe ynanmazlyk duýgusy bar zatdan güýçli.
Belki-de, hut şonuñ üçindir, ol barmaly ýerine ýetmänkä bir silkinäge-de, adam sypatyna girdi-de, öz ömrüniñ iñ gorkuly öwrüminden
öwrüldi...
Selçeñ saçlaryny sypalap, ýylgyrjaklap golaý gelen Baş oba müdürini görenlerinde dyzynyñ üstünde ýatan akja guzujygy sypalap oturan gara saçly jenap ýoldaş Prezident bilen Larin asyl geñ galmalydyram öýtmediler, hamana, öñden oña sabyrsyz garaşyp oturan ýaly,
biri biriniñ ýüzüne täsin ýylgyryşdylar-da, bu ýagdaýdan özleriniñ
örän hoşaldygyny sessiz-üýnsüz añdyrdylar, emma daşlaryndan welin oña iñ bärkisi: ”Gelen ýagşy!” diýäýseler nädersiñ! Dogrusy,
Kepjebaşyñ özüniñ-de az-küş tolgunan bolmagy ahmaldyr, çünki ne
şol wagt, ne-de soñ – jany gul-gula düşende, ol özüniñ humarbazlara:
”Giç ýagşy!” diýenini-diýmänini teý ýadyna salyp bilmedi. Onuñ ilki
bilen gözüne ilen zat – jenap ýoldaş Prezidentiñ saçynyñ gün-günden
garalýandygy boldy: eýsem bu ýurtda wagt öñe ýöreýärmi ýa-da
yza? Bularyñ ymgyr gije, hamana gündüziñ günortany dek kart
oýnap oturmaklary nämäniñ alamaty? Belki bu ýurduñ ykbalynyñ
humara goýlandygynyñ subutnamasydyr?
Köşk eýeleri azajyk süýşüp, oña öz aralaryndan ýer berdiler. Onuñ
burçda goýlan uzyn gara sandykdyr öýdeni bolsa, ýakynlaşanda, egni
harby lybasly, eli egri gylyçly general-leýtenant çinli Kakabaý Garasöýmez bolup çykdy. Bu demde okumyş ýylan öz gedemliginiñ gurbany bolaýan bolmagynyñ ahmaldygyny, bu adamlaryñ öz çakyndan
ýokardan gelýändigini iş-işden geçensoñ boýun alman bilmedi, ýöne,
haýp, indi giçdi!
Oýny täzelemek üçin jenap ýoldaş Prezident elini uran ýerinden
ellenmedik gaply kart dessesini aldy. Larin gardy. Onsoñ oýun başlandy. Bu Baş oba müdüriniñ öñde-soñda gören oýunlaryna meñzeş
däldi, adamlaryñ arasynda humarly oýunlaryñ alyna düşýänleriñ
kändigini eşitse-de, ol entek akyl ýeterden uly gymmatlyklar, mese370
lem, haýsydyr bir ýurt humara düşüp biler öýdenokdy. Bu güne deñeç ol öz oýnuny oýnap, onuñ düzgünlerini garşydaşynyñ boýnundan dakmagyñ tärini gözlän bolsa, ynha, indi iñ bir adaty oýunça
öwrülip, kesekiniñ oýnuna girmelidi.
Humara başy bilen çümýänçä Baş oba müdiri bu oýun artykmaç
zehin, batyrgaýlyk, hemmesinden beteri-de hile-al, elhenç içigaraçylygy talap edýändir öýdüp, ýatsa-tursa düýşüne-de girmändi, emma
görüp otursa, entekler onuñ bu dünýäde almaly sapagy kän ekeni. Bu
gezek Larin utdy, onsoñ bu giñişlikdäki daşary ýurt pullarynyñ epeslisi onuñ öñüne süýşdi, ýurduñ syýasy kartasynyñ üstüne Larinden
ýaýrap gaýdýan gyzyl reñk bolsa, jenap ýoldaş Prezidente garşy
süýşdi; kellesi oýna gyzansoñ ol Baş oba müdüriniñ ýüzüne-de seretmän:
– Ýene bir el otur... – diýip, ol utugyny yzyna almak üçin ellerini
owkalap, oýna şüweleñ berdi.
Kart garylyp, öñküsi deýin iki adama paýlandy jenap ýoldaş Prezident öz üstüne düşýän göze ilmeýän agramdan ýaña bu gezek ýagyrnysyna deñeç şorlady, ýöne utdy. Onsoñ ýurduñ syýasy kartasynyñ
üstünde gyzyl reñk azalyp, ýaşyl reñkiñ meýdany artdy. Ýylan kartanyñ diñe bir reñkiniñ özgermän, eýsem oýna görä, onuñ üstünde
haýsydyr bir abberwiaturalaryñ-da görnüp gidýändigini saýgardy,
kartada: birde SSSR, birde SNG, ýene bir gezekde Ewraziýa diýen
ýazgy görünse, arasynda özbaşdak ýurduñ-da ady ýyldyrap gidýärdi.
Ahyrsoñy ýylany oýna saldylar. Bu gezek karty jenap ýoldaş Prezident gardy. Ýylan garşydaşlaryndan arassa oýna garaşmansoñ, derrew pirime ýatdy: olaryñ elini gördi, görşi ýaly-da, elheder alyp, ini
dyglady, onuñ eli ikisiniñkiden-de pesdi. Oýun başlandy... Ýylan öz
garşydaşlarynyñ diliniñ birdigini başdan añsa-da, dil ýaryp bilmedi,
ýöne basym iki adamynyñ göçümi deñ gelip, ony alarladyp ugradylar, onuñ ýagdaýy gitdigiçe ýaramazlaşdy; garşydaşlary sessiz düşünişip süründiler gitdiler oturdylar; ýylan elini düzetjek bolup şunça
jan çekse-de, bolmady, döwi deñ gelmese nädersiñ?! Iki humarbaz
onuñ eliniñ içini üzdüler-de, ha-ha-haýlaşdylar; indikide karty özüniñ garjakdygyna bil baglan ýylanyñ örüsi azajyk giñedi, ol hatda
täze başlanjak oýundan öñünden lezzet almakdan ýaña birneme alkymynyñ çişenini-de duýman galdy; Larin bilen jenap ýoldaş Prezident çilim otlandylar, guzujyk tussäni halamdy, mälejek boldy; soñra
371
ýene-de kart, garylyp, paýlandy, ýylanyñ eli erbet gelmedi, bu gezek
ol utduran pullaryny yzyna aljagyny öñünden syzdy. Aldy. Emma
onuñ bu şatlygy uzaga çekmedi, sähelçe salymlyk daş çykan Larin
gaýdyp gelen badyna oýun täzelendi, jenap ýoldaş Prezident çuñ
pikire batdy, ortadaky puluñ goýumyny ýüz esse köpeltdiler, Larin
muny sessiz-üýnsüz oñlady; ýylan hyrçyny dişläp, adamlaryñ arasynda gazanan ähli puluny ortada goýmaly boldy, edil şol pursatda
onuñ göwnüne bolmasa, jenap ýoldaş Prezident kinaýaly ýylgyran
ýaly etdi, Baş oba müdiri öz gurak gözlerine ynanman, muny ýöne
bir göwnüne gelen hadysadyr öýdüp çaklady, eline seretdi – hiç zat
ýok! Şol wagt telefon jyññyrdady, jenap ýoldaş Prezident guzujygy
generalyna berip, özi trubkany aldy:
– Munça bolsa oñat! – diýip, jenap ýoldaş Prezident generalleýtenant Kakabaý Garasöýmeziñ elinden telefon trubkasyny alyp,
ony egni bilen gulagynyñ arasyna gysdyrdy; añyrdan gepleýäni mylaýymlyk bilen habarly etdi: – Hemmesi plana görä, tolgunasy iş
ýok, gözüñ awusyny aljak bol. Ýok, ýok, bu wagt seniñ bize näme
kömegiñ degsin? Arkaýyn bol, özümiz bir alaç ederis. – ol elindäki
kartlaryny dörüşdirip oturyşyna: – Hojam Şükür salam aýdýar, ”ýatyp bilemok” diýýär, ”derman ataý!” diýdim, nädipdirin? – diýip,
Larine gözüni gypdy.
– Oñarypsyñ, ony edäýmelisi-de şoldur – Larinem kartlaryny
saýhallady. – Salamyny yzyna gaýtar!
– Lariniñem diýýäni şol, köpsalam, hoş onda!.. – trubkany generalleýtenantyñ eline berip, jenap ýoldaş Prezident eşidiler-eşidilmez
hüñürdedi: – Diýmäýin diýsem, öwladyñ maly ýaly, şu-da ýaşab-a
bildi! Tal Taganyñ janyna berekella!
Ýylanyñ biline urlana döndi saññyldady, sowuk teni gowşady, ol
özüniñ gurulgy duzaga düşendigini güman etdi, beýle ejiz el bilen ol
indi nädip bu oýundan baş alyp çykar? Ol bu jaýda öz piriminiñ pes
gelýändigine düşündi, ýöne sebäbini bilip bilmedi, ýaýdandy, muny
Köşgüñ howasyndan görjek boldy; soñam öz-özüne kinaýa etdi: ”Ýa
demrinden, ýa kömründen...” diýleni-dä.
Oýunçylaryñ kellesi gyzana meñzedi, kimdir biri arasynda ýalñyşypmy ýa-da ýöriteläp, ýylanyñ aýagyny basdy, şonda ol tebigy endigine görä, göz açyp-ýumasy tizlikde alkymyny ýasy-ýaýman çişirdi we özüni göze görünmeýän garañky çukura ýene-de bir ädim go372
laýlatdy; oýun has gyzyşanda, ýylan durup bilmän, ýañadandan pirime ýatdy, bir seretse, jenap ýoldaş Prezidentiñ elinde eýýäm üç tuz
jemlenipdir, Lariniñ elinde-de üç korol, olar şonuñ üçinem oýny
guduzladyp ugradylar. Owsunjy başyny gahara aldyran ýylan nädip
utulanyny bilmän galdy, Lariniñ ýañky daş çykyp gelmesiniñ ýöne
ýere däldigini, ol indi añdy, dawa etmegiñ ýeri gelendigini-de bildi,
ýöne bu taýda kimi arka tutunjak? Onsoñ ol zyrrajym utulandygyny
boýun alyp, iki elini galdyrdy, ýüzüni sallady.
Ana, şonda jenap ýoldaş Prezident:
– Sen bize bergili – diýip, çilimini çeýnäp, onuñ ykbalyny kesgitleýiji äheñde loh-loh güldi.
– Kime? – Baş oba müdiri ýakymsyz geñ galmakdan ýaña uşajyk
saññyldady.
– Bize... – Larin sözüne aýratyn ähmiýet berip, ynjyk gaýtalady. –
Näme düşünmediksireýäñ? Jenap ýoldaş Prezident saña düşnükli
aýtdy: bize!
Baş oba müdiri aljyrady, ol, näderini bilmän, bilbiliñ ketegine dönen jübülerini gezekli-gezegine janserek sermeşdirdi.
– Içigara... öýe ýetip gaýtmasam hezil bermez, rugsatmydyr?
Larindir jenap ýoldaş Prezident haýal etmän biri biriniñ ýüzüne
seredişip, köpmanyly ümleşdiler. Onsoñ Larin olaryñ gelen netijesini
beýan etdi:
– Ýok. Sen öz janyñy orta goýarsyñ! Seniñ biziñ bilmeýän zatlarymyzdan habarlydygyñy bilmeýändir öýtme, şonuñ üçin-de biz seni
bu ýerden butnadyp biljek däl. Belki, seniñ maksadyñ ilkibaşdan-da
bize gulluk etmek däldir? Belki, seniñ ýüregiñde her dürli pislikler
küdelenip ýatandyr?! Seniñ haýyn bolmagyñ ahmal, asyl biz saña
haýyn diýjek. Sen haýyn! Jenap ýoldaş Prezidentiñ yzyny añtarça
sen kim bolupsyñ?!
Bu başlanan gyzgyn sene-menä, hamana, o diýen bir ünsem bermeýän sypatda şerap süzmäge başlan jenap ýoldaş Prezident
”dalaber!” diýen äheñde göwnühoş güldi.
– Jenap ýoldaş Prezidentiñ halkara abraýynyñ günsaýyn artýan,
mukaddes garaşsyzlygynyñ elhenç şöhratlanyp, äleme şugla saçýan
wagtynda sen tetelliler onuñ aýagyna çolaşmakçymy?
Ýylan adam sypatynda iñ soñky gezek özüni aklamaga synanyşdy.
– Men... men... me...
373
Emma:
– Gap sesiñi! – diýen haýbat Baş oba müdürini bir demde lak etdi.
Jenap ýoldaş Prezidentiñ çekip oturan çiliminiñ küli köýneginiñ
ýakasyna gaçdy. Ol muña ýene-de ”loh-loh” güldi. Ýöne nämüçindir
Lariniñ gülküsi tutmady, gaýta ol gülküniñ çykan tarapyna gyýa
garady. Şonda ýurt eýesi ýakasyndaky mawy küli kakyşdyryp, Baş
oba müdüriniñ alkymyna dykylyp geldi, ony gyssady.
– Senmi meniñ emelimi elimden aljak?! Seniñ tutan guşuñy birçak
ütüp goýandyryn, ojagaz ýylan öwrümleriñ bilinmeýändir öýtmegin!
Muny men Larine wagtynda duýduryp ýetişdim, ýogsam, gör, ol
men barada näme pikir ederdi?! Seniñ niýetiñ meni aññalak gapdyrmakdyr, suwlunyp goltugyma giren bolup, ahmallykda kebzämden
çakmakdyr! Şeýlemi?! Emma Larin indi saña belet bolandyr, sen
ahmal galdyñ, uzyn möjek, teletin, gaýyş!
Baş oba müdiri özge çykalga görmän, janyny gutarmak üçin gapa
garşy okduryldy. Köşkden gaçyp çykanda, ol: ”Atdaş” firmasyndan
söýgüli jenap ýoldaş Prezidente”, ”Ýagşylyklar” firmasyndan jenap
ýoldaş Prezidente säher gülleri” diýen ýazgyly gül desselerini gujaklaşyp, bu ýere il örmänkä bukdaklaşyp ýetip gelen pes boýly, kellesi
ýylçyr, togalajyk we onuñ ýanyndaky ýüzi ýasy daýaw kişi bilen tas
süsüşipdi. Bulary ozal nirede görenini ýatlajak bolup, ol bir dem
eglendi. Larindir jenap ýoldaş Prezidentiñ öz generaly bilen yzyndan
atylyp çykanlaryny görübem, ol äpet Kepjebaşa öwrülip ümdüzine
tutdurdy, emma, arman, dem salym egleneni oña gymmat düşdi – ol
kowguçylara atymyny berdi...
Jenap ýoldaş Prezident onuñ yzyndan zemzen bolup kowdy, Köşgüñ daşyndaky bagyñ içinde zemzen Kepjebaşyñ yzyndan ýetdi,
ikisi garpyşdylar; Kepjebaş birnäçe gezek Zemzen-hojaýyny çakyp
ýetişdi, ýöne ol, çakylansoñ, az salym yranyp durýardy-da, ýene
aýak üstüne galyp, agzyny hatap ýaly açýardy we Kepjebaşyñ üstüne
topulýardy, bular uzak gidişdiler, ahyrsoñunda Zemzen-hojaýyn
asgynlady. Kepjebaşyñ üstüne ölüm gorkusy edil şonda abandy, ol
ahmal galdy, ýogsam Zemzen-hojaýyn bilen aldym-berdimli urşa
giren dessine Lariniñ nirädir gürüm-jürüm bolandygyny ol bilmelidi.
Ine, indi Larin onuñ arkasynda peýda boldy. Muny duýan Kepjebaşyñ sowuk teni elhenç titredi: Kişmir!
374
Kepjebaş her zat etse-de, şondan soñ uzyn aýakly, togalak kelleli
möjege öwrülen Larin oña birjik-de sypalga goýmady, elhenç haýallyk bilen öñe süýşmegini dowam etdi; ýylan öz işiniñ gaýdandygyny
bildi, ol indi her näçe urunsa-da, çabalansa-da ýürekbulanç Kişmir öz
barmaly ýerine – ýylanyñ iki garagyna barar, depesinden abanyp,
onuñ gözlerine ýeter, ony indi hiç bir güýç öz ýolundan gaýtaryp
bilmez. Ownuk ýyrtyjylaryñ içinden saýlanan Kişmir ata-baba ýörelgesine eýerip, garşydaşynyñ aman-zamanyny bermän, janhowluna
urunýan ýylanyñ gözlerini elhenç lezzet bilen çomup iýmäge girişdi...
Kepjebaş öz gözleriniñ ýakymsyz kitirdisini urnuplar, alaçsyz diñledi. Edil şol wagt niredendir bir ýerden uçup gelen äpet gara ýarganat onuñ üstüne dik ýokardan jagyrdap gaýtdy. Gele-gelmäşe-de, ýiti
dyrnaklaryny çümdürip, ýylanyñ ter etinden gopardy, gaýtadan bat
bilen inmek üçin ýene ýokary göterildi. Ýylan sessiz ah çekdi, ol
Garasöýmez ýarganady tanady. Yzysüre bu ýere däbşenekläp gelen
tüýi buýraja akja guzujyk onuñ üstaşyry göge towusdy-da, aşaklygyna ownujak ak möjege öwrülip syrady, onsoñ olar onuñ ýaraty gözüne, endamyndaky awaýan ýerlerine örç etdiler. Ak möjejikler tükeniksizdi, irginsizdi, iýijidi. Olaryñ öz tenindäki ýaralaryna, gözlerine
hüjüm edişinden elheder alan Kepjebaşyñ Derwüş babanyñ belaly ak
sakgaly ýadyna düşdi.
Bu wagt ýylanyñ gözleriniñ ak ýagyndan göwnüni hoşlan Kişmir
ony ownuk mör-möjeklere çekelemäge goýup, atan-satan ýöräp,
Zemzen-hojaýynyñ yzyndan ýetdi. Emma onuñ bilen gapdallaşyp
ýöremek oña mundan soñ uzak miýesser etmedi, ýeñişden gylaw
alan we tulum ýaly çişen Zemzen-hojaýyn bir aýlawda guýrugyny
tarpyldadanda, Kişmir honda zyñlyp düşdi. Muña gahar edip, gaýtadan yzyndan ýetip, bardygyny bildirmek üçin Zemzen-hojaýynyñ
guýrugyndan agyz salanda, ol bu irginsiz goşanç möjegi guýrugy
bilen ýañadandan bir kakyp goýberdi welin, Kişmir garagörnüm ýere
tozalanyp gitdi. Bu gezek onuñ ölmese-de, ölümligini tutandygyny,
iñ bärkisi indi gaýdyp adam sypatyna girip bilmejegini Kepjebaş
añlady. Zemzen-hojaýyn welin, göýä hiç zat bolmadyk ýaly yzynada garaman, abşanaklap, añrylygyna ýoluny dowam ediberdi. Otuñçöpüñ içinde urnup ýatyşyna Kepjebaş onuñ ýarganat-Kakabaý Garasöýmezi yzyna tirkäp, Köşge sümlüp barşyny, töweregini çala
375
saýgarýan ýaraty gözleri bilen synlap, ah çekdi. Ol özüniñ adamlaryñ
arasynda gutulgysyz şowsuzlyga uçrandygyny boýun almaly boldy,
hopugyp, asmana ýüzüni öwürdi; şonda öz depesinden ýerläp uçup
barýan guşjagazy saýgardy. Onýança-da guşjagaz onuñ üstüne çüñkündäki akja ýaglygyny gaçyrdy welin, ýylanyñ teni ýiti awuşap
ugrady; ol ýaglygy-da, onuñ eýesini-de tanady – Abat!
Onsoñ Kepjebaş diri galmak üçin soñky güýjüni jemläp, çabalandy,
ysgynsyz diliniñ haçjasyny töwerek-daşyna somlady, adamlaryñ
dünýäsini olaryñ özlerine goýup, bu ýerden baş alyp çykmagyñ ýoluny agtardy, iñ soñky deminde aşsa-da, dadyna ýetişjek harlanan
guba çägeleri ýatlap, öñe ümzük atdy, towlandy.
Köşgüñ aýnasyndan bolsa bu wagt biwagt gygyran horazy ýatladýan adam sesi belent ýañlanýardy:
Gözüñ aýdyñ, uly ilim, oba-kent!
Sen ýatyber, goragyñda elmydam,
Gahrymanyñ – jenap ýoldaş Prezident!
376
MAZMUNY
BIRINJI BÖLÜM
Anna agşamy
Öweziñ ölümi
Kepjebaş gowuny taşlaýar
Harabadan çykan häkim
Jenap ýoldaş Prezident
Diller instituty
”Çorbañ gursun, çöregimi zaýalady!”
Tal Tagan
Kelte bazar
Kölege baýramy
3
13
35
67
86
108
142
171
182
197
IKINJI BÖLÜM
Enäniñ gözleginde
Göçme paýtagt
Ýylan jadysy
Garañky çyralar
Belli köçedäki näbelli jaý
Ýoldaş Larin
Ogurlanan agşam
Çygly çuñluklar
Paltahaky
Kepjebaş, Zemzen we Kişmir
208
234
265
286
303
315
324
341
358
373
377
Ak Welsapar, türkmen ýazyjysy
1956 ýylda Türkmenistanda doguldy.
1973 ýylda türkmen mekdebini,
1979 ýylda Moskva Döwlet Universitetiniñ jurnalistika fakultetini,
1989 ýylda Moskvanyñ Edebiýat institutynyñ Ýokary edebiýat kurslaryny bitirdi.
1979-85 ýyllarda Türkmen televideniýesinde redaktor,
1985-86 ýyllarda ”Magaryf” neshirýatynda uly redaktor,
1986-87 ýyllarda Türkmenistan Ýazyjylar guramasynyñ rus dilindäki
”Aşhabad” jurnalynyñ proza we publisistika bölüminiñ müdiri.
1982 ýyldan SSSR Jurnalistler guramasynyñ,
1987 ýyldan SSSR Ýazyjylar guramasynyñ agzasy.
”Kepjebaş” romany ýazyjynyñ onunjy kitabydyr. Belli eserleri:
”Gawunkelle”, ”Ahal aýak ýeterde”, ”Böwsülen tümlük”, ”Egri gylyç”, ”Tilkiler tiresiniñ ary”, ”Mülli Tahyryñ hudaýlygy”, ”Halkyñ
haky” we beýlekiler.
Türkmen çagalarynyñ we eneleriniñ agyr ýagdaýy, pagtanyñ monokulturasy, ýurtdaky kommunistik diktatura garshy makalalary, söz,
metbugat, demokratik azatlyklar we adam hukuklary ugrundaky çykyshlary sebäpli 1993 ýylyñ 25-nji awgustynda Türkmenistan Ýazyjylar we Jurnalistler guramalaryndan çykaryldy. Resmi häkimiýetleriñ uzak yzarlamalaryndan, ýanamalaryndan soñra ýurdy terk etmäge
mejbur boldy.
Sweden Ýazyjylar guramasynyñ agzasy, şeýle-de Ýazyjylaryñ Halkara Pen-klubynyñ hormatly agzasy. Erkin döredijiligi üçin Halkara
amerikan grantyna we Sweden Ýazyjylar guramasynyñ edebi stipendiýalaryna birnäçe gezek mynasyp boldy.
378

Benzer belgeler

Аk-Мuhаmmеd Wеlsаpаr

Аk-Мuhаmmеd Wеlsаpаr – Käşgi bu ýol bilen Tejenden öññe ýerden gelip bolýan bolsa... – Jümmi ýat arabanyñ garasyny görenden ýüregine kürsäp uran howsalany basjak bolup, nägile hüñürdedi. – Hany gelsin bakaly... Annagel...

Detaylı