Dizaıneri däliretmegiň 8 usuly İewropaly dizaınerler

Transkript

Dizaıneri däliretmegiň 8 usuly İewropaly dizaınerler
RENKLI
Dizaýneri
däliretmegiň 8
usuly
Ýewropaly
dizaýnerler bilen
söhbetdeşlik
SURAT
GÖRNÜŞLERI
RAW, JPEG, TIFF, PSD,
BMP, GIF, PNG, SVG
ŞEKILLER
ADOBE PHOTOSHOP we ADOBE
ILLUSTRATOR
programmalarynyň
tapawutlary
PHOTOSHOPmy
ýa-da HAKYKY
AÝYŇ ŞRIFTI
Türkmen elipbiýini
doly goldaýan şrift
RENKLI
ŞEKILLER
Eger mende bir alma bar bolsa, sende hem bir alma bar bolsa, men saňa almamy bersem,
sen hem maňa almaňy berseň, her haýsymyzda ýene-de bir alma bolar. Eger mende bir pikir
bar bolsa, sende hem bir pikir bar bolsa, men saňa pikirimi bersem, sen hem maňa pikiriňi
berseň, her haýsymyzda iki pikir bolar.
MAZMUNY
GYSGAÇA MAZMUNY
Dizaýneri
däliretmegiň
8 ýoly
Türkmen gölleri
S13, GÖLLER
AI, SVG, PSD görnüşlerdäki
göller
Reňkli şekiller online žurnaly
www.shekiller.co
S14, MAGLUMATLAR
Suratlaryň görnüşleri
S4, GÜLÝÄS
Ähli surat görnüşleri umumy 2 topara bölünýär. Rastr we
Wektor surat görnüşleri. Wektorlar hem öz içinde 2 topara
bölünýär. 2D we 3D.
Rastr surat görnüşlerine şular degişlidir:
BMP, ECW, GIF, ICO, ILBM, JPEG, JPEG 2000, VIL, MrSID,
PCX, PNG, PSD, TGA, TIFF, HD Photo, WebP, XBM, XPS,
RLA, RPF, PNM
2D wektora şular degişlidir:
SVG we SVGZ, EPS, WMF, EMF, CDR, CMX, AI, XAR
S6, jogaby S10
Photoshopmy ýa-da hakykymy
3D wektora şular degişlidir:
COLLADA, SKP, STL, U3D, VRML, X3D, 3ds, 3DXML
S8, ÝEWROPA
Ýewropaly dizaýnerler bilen söhbetdeşlik
S16, REŇKLER
Owadan reňkleriň sazlaşygy
S11, ŞRIFT
2 RENKLI ŞEKILLER
MAZMUNY
MAZMUNY
GYSGAÇA MAZMUNY
S17, PHOTOSHOP
Näme üçin Photoshop öwrenmeli
S19, DEŇEŞDIRME
Adobe Photoshop we Adobe Illustrator
S18, PHOTOSHOP
Piksel, durylyk, grafiki maglumat
MAZMUNY
RENKLI ŞEKILLER
3
GÜLÝÄS
GÜLKINÇ ÝAZGYLAR
DIZAÝNERI DÄLIRETMEGIŇ 8 ÝOLY
Dünýädäki dawa jen-jelleriň esasy sebäpleriniň biri dizaýnerler bolup durýar. Olar biziň beýnimize “mahabat
möhüm” diýen düşünjäni guýýarlar we erkimiziň tersine pullarymyzy harjamagymyza iterýäler. Soňunda biziň ähli
psihiki kesellerimiziň sebäbi olar bolup durýarlar. Şu görkezmelerden ugur alyp, men dünýäni doly dizaýnerlerden halas etmeli diýen karara geldim. Eger grafik
dizaýner bilen işleşýän bolsaňyz 8 sany ýoldan ugur alyp gitseňiz dizaýnerden üstün gelip bilersiňiz. 1. Microsoft Office
3.
Sizden wagtlaýyn işleşýän dizaýneriňiz haýsydyr bir dokumenti
ibermegiňizi haýyşt etse, siz ony microsoft office programmalarynyň
biri bilen ugradyň. Meselem sizden surat ugratmagyňyzy islese, jpg
görnüşli surat ýada fotoaparatda düşürilen suraty ugratmaň, microsoft
word ýa-da microsoft powerpoint programmasyna salyp ugradyň.
Aýdaly siz bir afişa dizaýn etdirdiňiz. Grafik dizaýner hemişe
paragraflaryň arasynda köpräk boş ýer goýmaga çalşar. Kenarlarda
köp boş ýer goýar, setirleriň arasyny açar we şm. Olar özlerini bolgusyz
bahanalar bilen şeýdendiklerini size ynandyrmaga çalşar: Arassa
görünýär, okamaga amatly, işi ussat biri ýerine ýetirendigi belli bolsun
Hilini iň pesde goýup ugratsaňyz hasam gowy. Ýene bir gezek ulyrak
hilde ugratmagyňyzy islese, 50% hilde ugradyň. Bir iki gezek dürlilik
üçin goşundylara hiç zat goşman, diňe “inä dokumenti ugradýan” diýip
ýazyp, boş e-mail ugradybam görüň! 2. Şrift
Grafik dizaýner Helvetika şrift saýlasa Arial saýlaň. Eger Arial saýlasa
Comic Sans. Eger Comic Sans saýlasa, eýýäm onyň kellesini gyzyp
durandyr, siziň işiňiziň ýarysy eýýäm üstünlikli ýerine ýetirildi hasap
edäýiň.
Köp boş ýer
diýerler. Siz olaryň aldawly sözlerine ynanmaň! Olaryň sahypa sanyny
köpeldip öz iş haklaryny köpeltmek isleýärler. Hemde dokumenti
printerden peçat etdireňizde öz kärdeşine köpräk pul bolmasy üçin
edýär. Muny näme üçin edýäler? Olar sizi ýigrenýär. Şeýle hem olar
bäbekleri iýýär diýen myş-myş bar. Şonuň üçin kenarlarynda mümkin boldygyça az boş ýer goýmasyny
talap ediň. Ýazgynyň şriftinem kiçi ýazsyn. Dürli dürli şrift görnüşlerinde
ýazmasyny isläň. “Haýsy şriftlerde ýazaýyn?” diýip sorasa Comic Sans,
Arial ýa-da Helvetika gönükmesini ýene bir gezek gaýtalaň. Aralaryna
surat goýdyryň, sizden material islese 1nji maddaky ýaly ediň. Öz
diýeni tutdyrjak bolar, gulak asmaň. Müşderi hemişe mamladyr we ol
boýun bolar. 4. Logo
Dizaýner sizden logoňyzy sorasa, iň pes hilde beriň. Microsoft
worda salyp ugratsaňyz, maksadyňyza has hem ir ýetersiňiz, bu
size goşmaça utuk gazandyrar. Dizaýneri gaharlandyrmak
üçin bular ýeterlikdir ýöne dizaýneri doly moral taýdan
çökermekçi bolsaňyz, logony fon bilen ugradyň. Ak ýada gara fon ulanyň we dizaýneriň özi ony fondan kesip
alsyn. Eger siziň özüňize logo gerek bolsa, özüňiz el bilen
logonyň eskizlerini çyzyň. Has gowsy 7 ýaşly ogluňyz
muny çyzsyn. Siziň eskiziňiz 5 minutdan uzak wagt
sarp edilmedik bolmaly. Siziň kagyza çyzan eskiziňizi
photoshopda ýa-da haýsydyr bir programmada çyzyp size
berer, ýöne şo bada hiç kabul edäýmäň. Şol sanda 9njy
logony hem kabul edäýmäň. Ähli ownuk bölejiklere çenli
üýtgetdiriň. Reňkler, çyzyklar, şriftler… ähli zatlaryna
garyşyň. Logo surat goýmasyny isläň. Suraty nädip
ugratmalydygyny eýýäm gowy bilýänsiňiz.
10-20 sany görnüş ugradansoň, ho başdaky 2nji logony
saýlandygyňyzy aýdyň. Hawa hawa, bu aýdylan zatlary
10 essesi bilen etseňiz hem azdyr. Ak ganlylyk keseliniň hem
sebäpkärleri hem dizaýnerler ahyry.
4 RENKLI ŞEKILLER
GÜLÝÄS
GÜLÝÄS
GÜLKINÇ ÝAZGYLAR
5. Söz saýlamak
Nähili dizaýn isleýändigiňizi aýdaňyzda düşnüksiz zatlar aýdyň.
“Şuny azajyk jazz aýdym görnüşde edip bolmazmy?” , “Has web
saýtrak edeli” , “Meniň isleýän dizaýnym, seredeňde gidesiň gelip
duran dizaýn bolmalyda.”. Ýok asla öte geçdigiňiz däl, olar dizaýnerler
doly aý bolanda möjegede öwrülýärler. 6. Reňkler
Reňk saýlamagyň iň gowy usuly: (asla dizaýneriň özüne saýladaýmaň!)
birnäçe kagyzlara reňkleriň adyny ýazyň we telpegiňiziň ýa-da papagyňyzyň içine goýuň. Grafik dizaýner 2-3 sany reňkden köp reňk bolmazlygyny haýyş eder. Siz reňk saýlamagyňyzy asla togtatmaň, özem
her reňki saýlaňyzda gatydan daşyňyzdan okaň we gülip ýene dowam
ediň. Gorkunç aýdymlar aýdyň we ertekidäki gorkunç gahrymany
janlandyrýan ýaly sesler çykaryň. Meselem: Aaaaahaa ýaşyl, menden
nirä bukularyn öýtdüň? Aha ha ha aha hah, Gyzyl gyzyl gyyzyyl, sen bir
gowy reňk gyzyl...
7. Soňky sene
Edilýän işleriň soňky görnüşini görüp, karar bermek üçin gün bellenilende hemişe uzaga çekiň. Dowamly süýşüriň. Birdenem duýdansyz
ýagdaýda, ertiriň özünde eden işini getirmesini talap ediň. Dizaýneriňiz dowamly was-wasylyk içinde bolsun. 8. Soňky urgy
Siziň ähli islegleriňizi kanagatlandyrmak juda kyn we siz
bilen ylalaşyp bilmejegine gözi ýetensoň, dizaýner siz näme
diýseňiz şony hem eder. Mämişi reňk köpräk ulanmak isleýäňizmi, ol şeýle hem eder. 6 sany üýtgeşik şrift isleýäňizmi,
6 sany üýtgeşik şrifti ulanaram. Siz bu söweşi ýeňdiňiz diýeli. Ýöne esasy zady ýatdan çykarmaň, ony bu ýowuz kärini taşlar ýaly etmeli.
Soňky urguny uruň. Ähli reňk, şekil, şrift we şm. zatlara
karar bereňizsoň oňa, ondan has köp zat garaşanyňyzy
aýdyň, ynamyňyzyň puja çykanyny aýdyň. Goý ol siz bilen
işleşeninden soň 1-2 aýlap depressiýada gezsin. Özüne ynamy
gaçsyn. Şeýtseňiz siz dünýä üçin uly kömek etdigiňiz bolar.
GÜLÝÄS
RENKLI ŞEKILLER
5
Adobe Photoshop programmasy 1990njy ýylda Thomas and John Knoll
tarapyndan döredilendir. Rastr görnüşli suratlary işlemekde iň meşhur
programmalaryň biridir. Photoshop programmasy şu ýyl 25 ýaşady we çärýek
asyrlap durmuşymyza gözelleşdirmäge ýardam
berdi.
Adobe systems topary Photoshopyň 25 ýyllygyna bagyşlap kiçi taslama
taýýarlady. Örän ýönekeý taslama, 25 sany surat bar we olaryň haýsynyň
Adobe Photoshop programmada işlenilenmi ýa hakyky düşirilen suratmy, şony
anyklamaga çalyşmaly. Biz ol suratlary žurnalda ýerleşdirdik.
1 Abbey Benson
2 Benjamin Von Wong
3 Maximilian Gibas
4 Glen Wexler
5 Andreas Tauber
6 Jeronimo Contreras
7 Christian Adam / Massif
8 Joel Robison
9 Natalie Fletcher
10 Max Ellis / Caters News
11 Christian Adam / Massif
12 Lonut Caras
13 Andres Amador
14 Oleg Belov
15 Esmar Abdul
16 Olivier Zwilling
17 Andrey Shupilo
18 Matthias Leberle
19 Aman Agrawal
20 Hossein Zare
21 Glen Wexler
22 Corey Rich
23 Ben Heine
24 Deborah DeFranco
25 Pete McBride
Kiçi bölek kagyz alyp, 1den 25e çenli suratlary ünsli seljeriň we haýsy surat
Adobe Photoshop programmasynyň kömegi bilen ýasalan, haýsy surat fotoaparat
bilen düşirilen bilmäge çalyşyň we jogaplaryňyzy kagyza belläň!
Jogaplary 10njy sahypada.
ÝEWROPA
ÝEWROPALY DIZAÝNERLER
Maňa hemişe daşary ýurtlarda ýaşaýan başga millet
dizaýnerliň durmuşy, işleýiş şertleri gyzyklydy. Şonuň
üçin dizaýnerleriň portfolio saýtyndan nätänyş bir
dizaýner bilen söhbetdeş bolup, aramyzdaky geçen
gürrüňi žurnala ýerleşdirmegi makul bildim.
Salam, men Türkmenistandan. Elektron žurnal
ýasamagy planlaýan we bir sahypadaky häzirki geçjek
gürrüňimizi goýjak. Birnäçe ýönekeýje soragyma
jogap berseňiz hoşal bolardym.
1. Birinji işlän taslamaňyz mugt edip berdiňizmi ýa-da
töleglimi? Näçeräk tölediler?
2. Günde näçe sagat dizaýn işleri bilen
meşgullanýaňyz?
3.Eliňiz degmäninde näçe wagtlyk işiňizden
uzaklaşýaňyz?
4. Siziň pikiriňizçe dizaýn işeri size görämi?
Ýaşyňyzyň soňuna çenli hünäriňizi üýtgetmän dowam
etmekçimisiňiz?
Meniň adym Mustafa Baýraly we men Istanbulda ýaşaýaryn.
Häzirki wagtda Haliç Uniwersitedinde ikinji kursda okaýaryn.
Soraglaryňyzy jogaplajak bolsam;
1. Birinji eden işim 16 ýaşymda wagtym tanşyma tanatgyç
ýasap berdim, töleg almadym.
2. Okuwyň daşynda öý işlerimem hasaba alsam günde 4-5
sagat işleýärin.
3. Möhüm meseleler bolmasa işlerimden uzaklaşanym
ýadyma düşenok. Men muňa iş hökmünde dälde, bejeriş
hökmünde seredýärin, özümi gowy duýmagyma ýardam
berýär.
4. Öz ukubymy iň gowy şekilde ulanyp biljegim ugur diýip
pikir edýärin. Ömrümiň ahyryna çenli şul kärde bolaryn.
Sag boluň!
8 RENKLI ŞEKILLER
ÝEWROPA
6-7 sahypalardaky suratlaryň jogaplary
Photoshop
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Photoshop
Hakyky
Photoshop
Hakyky
Photoshop
Photoshop
Hakyky
Hakyky
Photoshop
Photoshop
Hakyky
Photoshop
Photoshop
Hakyky
ŞRIFT
AÝYŇ ŞRIFTI
Aýyň şrifti
RSh1
AaBbÇç
ABÇDEÄFGHIJŽKLMNŇOÖPRSŞTUÜWYÝZ
abçdeäfghijžklmnňoöprsştuüwyýz
0123456789*#&%!?.,:;(-)
de
üm
öl
!
f
iz
rb f
iň
la
dy
tt ilers
un
oş
hi.p, nyp b
RSindir ula
G
l
aý
ŞRIFT
RENKLI ŞEKILLER
11
GÖLLER
WEKTOR GÖRNÜŞDE GÖLLER
Türkmen gölleri
Reňkli şekiller online žurnaly
www.shekiller.co
g
de .sv
üm r
öl lle r
r b Gö ýlla p
la
fa ny !
dy i /
un r.a sd ula ňiz
oş le .p p, rsi
öl r iri le
G ölle ind bi
G
G
GÖLLER
RENKLI ŞEKILLER
13
/
MAGLUMATLAR
GYZYKLY MAGLUMATLAR
Suratlaryň görnüşleri
1. RAW
Işlenmedik maglumaty özünde jemleýän faýlyň görnüşi.
Bu faýllar kameranyň prosessorynda işlenmeýär we
düşirilen suratyň asyl nusgasyny özünde jemleýär. RAW
faýly hilini ýitirmezden gysyp saklamak mümkin. RAW faýlynyň üstün taraplary göz görteledir. Kameranyň
prosessorynda işlenen we göwrümi kiçeldilen JPG faýlynda
aýratynlykda RAW suratyny işlemekde mümkinçilik kän we
aňrybaş hili özünde saklap galýar. Dürli kamera öndürijiler
RAW faýlyny döretmekde dürli algoritmlerini ulanýarlar.
Her öndüriji hususy RAW faýlynyň görnüşi bar. NEF - Nikon
kameranyň faýly, CR2 - Canon kameranyň faýly.
2. JPEG (şeýle hem JPG)
Giňden ýaýran grafiki faýl görnüşleriniň biri bolup
durýar. Suratlary islendik şekilde gysmak mümkinçiligi
bilen suratyň JPG görnüşi meşgurlyk gazandy. Zerurlyk
ýüze çykan ýagdaýynda iň oňat hilini saklap alyp galmak
mümkin ýa-da internetiň üstüň paýlaşmak üçin iň pes hile
çenli gysmak mümkin. 3. TIFF
TIFF görnüşli suratlar meşgur surat görnüşleriniň biridir.
Bu görnüş suratlary islendik reňk giňişliginde (RGB,
CMYK, YCbCr, CIE Lab we şm) we uly reňk çuňlugynda
saklanyp bilinýär (8, 16, 32 we 64 bit). TIFF grafika bilen
işleýän programmalarda we çaphanalarda ulanylýar. JPG
görnüşinden tapawutlylykda TIFF görnüş köp ýer gaplaýar.
4. PSD
PSD görnüş Adobe Photoshop programmasynda
ulanylyp, rastr suratlaryň ähli görnüşlerini, birnäçe gatly,
islendik reňk çuňlugynda we islendik reňk giňişliginde
saklap bolýar. Doly gutarylmadyk suraty ýa-da ýene
üýtgeşme giriziljek suratlary saklamak üçin giňden
ulanylýar. PSD görnüşi suratlaryň hilini peseltmesiz gysmak
mümkin. 5. BMP
Ilkinji grafik görnüşleriniň biri bolup durýar. Bu görnüşi
islendik grafika bilen işleşýän programma kabul edýär.
BMP özünde jemlenenleri 48 bit reňk çuňlugynda we iň
köp 65535x65535 pikselde saklaýar. Häzirki wagtda BMP
görnüş ulanyşdan galyp barýar. Internet ulgamynda JPG
(Esli kiçi ýer gaplaýar) Çaphadana bolsa TIFF (Bu mesele
bilen gowy baş alyp çykýar) ulanylýar.
14 RENKLI ŞEKILLER
MAGLUMATLAR
MAGLUMATLAR
GYZYKLY MAGLUMATLAR
6. GIF
GIF görnüş internet ulgamynda paýlaşmak aňsat
bolmasy üçin döredilen. Ol hili ýitirmesiz maglumaty gysyp
bilýär. Aňyrsy görnüp duranlygy we animasiýany goldaýar. 7. PNG
PNG görnüş GIF görnüşi gowlandyrmak we ýerini almak
maksat bilen döredildi. GIF görnüşden aýratynlykda PNG
görnüşde çäksiz reňk görnüşini saklap bolýar. Ol hem hilini
ýitirmesiz gysylmak mümkinçiligi bar. 8. SVG SVG wektor grafika görnüşdir. Iňlis dilinde 3 sany sözi
gysgaldylyp alnandyr. (Scalable Vector Graphics) Türkmen
diline terjime edilende: masştably wektor grafikasy.
Gysgaça aýdylanda Adobe Illustrator we Corel Draw
programmalarynda işleýän görnüşimizdir. Wektor islendik
ulylykda ulanmaga oňaýlydyr. Elbetde bu surat görnüşleriniň ählisi däldir. Ähli surat görnüşleri umumy 2 topara
bölünýär. Rastr we Wektor surat görnüşleri. Wektorlar hem öz içinde 2 topara
bölünýär. 2D we 3D.
Rastr surat görnüşlerine şular degişlidir:
BMP, ECW, GIF, ICO, ILBM, JPEG, JPEG 2000, VIL, MrSID, PCX, PNG, PSD, TGA, TIFF,
HD Photo, WebP, XBM, XPS, RLA, RPF, PNM
2D wektora şular degişlidir:
SVG we SVGZ, EPS, WMF, EMF, CDR, CMX, AI, XAR
3D wektora şular degişlidir:
COLLADA, SKP, STL, U3D, VRML, X3D, 3ds, 3DXML
MAGLUMATLAR
RENKLI ŞEKILLER
15
REŇKLER
OWADAN REŇKLER
Owadan reňkleriň sazlaşygy
16 RENKLI ŞEKILLER
REŇKLER
PHOTOSHOP
HÖWESJEŇLER ÜÇIN PHOTOSHOP
Näme üçin Photoshop öwrenmeli?
Mundan epesli asyr yza gitsek hat okap ýazyp bilmek, sowatly bolmak
kän bir hökmanylyk däldi. Okap bilýänler has akylly hasaplanýardy we
jemgyýetde sylanylýardy. Häzirki döwürde çagalar heniz ýaşka sowat
berlip başlanylýar. Mekdep programmasy ýyl-ýyldan özgerýär. Ýene
sanlyja ýyllardan kompýuter ulanyp bilmeýänler geň görlüp başlanar,
häzirki döwürde hat ýazuw bilmezlik geň görülşi ýaly. Eger siz şonsuzam
Photoshop programmasyna höwesli bolsaňyz sizi ylhamlandyrmaga
hökmanlyk ýok. Ýöne ýigide 1000 hünär hem az diýilşi ýaly öwrenip
goýsaňyz bir ýerlerde gerek bolar.
Adobe Photoshop bilen 2009da tanyşdym. Ol wagt Adobe
Photoshop CS3 bardy. Tutyş ony ulanmak üçin ýa-da käwagt
Photoshopyň baş alyp çykyp bilmejek meseleleri üçin alternatiw
gözledim. Gözlegim netijesi boldy diýjek däl, Corel Paint Shop
Pro we şm. programmalar gowy ýaly göründi. Ýöne öwrenje
bolanym üçin wagtlaýyn eken. Meni gysga wagtda netijä eltýän
aňsat effektleri, gurallary bar, ýöne meni kanaglandyrmady.
Iň soňunda Adobe Photoshopdan gowy programma
tapmajagyma gözüm ýetdi. Tükeniksiz fantaziýany surata
geçirmäge çäksiz mümkinçilik bar. Häzirem bu programma
haýran galdyrmagyny bes edenok.
Adobe Photoshop
Adobe Photoshop programmasy 1990njy ýylda Thomas Knoll we
John Knoll atly iki sany doganlar tarapyndan ýasalýar. Birinji açylyş
ekrany ýokardaky suratda görýäniňiz. Oňa çärýek asyr boldy we her ýyl
kämilleşdirdiler. Häzirem täzelenmeler çykmasyny dowam edýär.
Photoshop täzelenmeleriniň atlary
Adobe Photoshop programmasynyň täzelenmeleriniň atlary sanlar
bilen amala aşyrylýar. Photoshop 1, 2 we şm. 2004nji ýylda adynyň
yzyna CS Creative Suit) gysgaltmasyny goşýarlar, yzy hem sanlar bilen
belgilenýär. Meselem: Adobe Photoshop 8 ýerine Adobe Photoshop
CS, Adobe Photoshop 9 ýerine Adobe Photoshop CS 2 we şm. 2013nji
ýylda CC gysgaltmasynyň ýerine CC gysgaltmany ulanyp başladylar.
we Adobe Photoshop CS 6 dan soňra Adobe Photoshop CC goýulýar.
CC her aý täzelenýär we yzyna ýyly ýazylýar. Häzirki wagtda Photoshop
programmasynyň iň täzesi Adobe Photoshop CC 2015
PHOTOSHOP
RENKLI ŞEKILLER
17
PHOTOSHOP
HÖWESJEŇLER ÜÇIN PHOTOSHOP
PIKSEL, DURYLYK, GRAFIKI MAGLUMAT
Adobe Photoshop programmasyna giriş hökmünde ilki bilen onuň asyl
işleýşine düşinmeli. Bir gural ýüzi arassalaýan bolup biler, öwrenersiňiz,
ulanarsyňyz. Ýöne Photoshopyň işleýiş prinsipine düşinmek üçin bu giriş
dersi möhüm.
Ekranymyzda görünýän suratlar iki topara bölünýärler. Rastr hem-de
Wektor. Photoshop diňe rastr suratlar bilen işleýär.
Durylyk
Köçelerde goýulýan monitorlarda suratlar dury däldir. Öýlerdäki
telewizorda bolsa dury. Soňky çykan el telefonlarynda bolsa has dury.
Bu nämedenkä?
Bärde durylyk uly ähmiýete eýedir. Pikselleriň ýygylygyny köpeldip
kiçi ýere köp piksel sygdyrsaň bu ekranyň durylygyny artdyrýar. Suratyň
ownuk böleklerine çenli görmäge ýardam berýär. Ekranyň durylygyny
PPI pixel per inch (dýuýyma düşýän piksel sany) bilen ölçelýär. Ekranyň
ininiň piksel sanyny 2nji derejä göterip boýynyň piksel sanynyň 2nji
derejesine goşýarys, çykan jogabyňam köküni alýarys. Ony hem ekranyň
dýuýmda berilen diagonalyna bölsek, ekranyň PPI ny hasaplap bileris.
Matematika bilen araňyz gowy bolmasa ýörite hasaplap berýän saýtlar
hem bar.
LG nexus 5
Piksel
1080 x 1920 piksel
4.95 dýuým
Siz şu bagy gördüňiz. Gözüňiz bilen göreňizde hemme zat aýan görnüp
dur. Bag ýerinde dur we gözüňiz bilen ony görýäňiz. Hiç hili mesele
ýok. Muny ekran nähili görkezýärkä? Bagy surata alýas we kompýuteriň
ekranynda suraty açýas.
durylygy: 445 ppi
Grafiki maglumat
Grafiki maglumatlar monitoryň ekranynda nokatlaryň (pikselleriň)
köplüginden emele gelýän şekil gürnüşinde beýan edilýär. Her pikseliň
kody onuň reňki baradaky maglumaty öz içinde saklaýar. Ýönekeý
ýagdaýda, ýagny ak we gara reňkler bilen şekillendirilende pikseliň kody
iki baha eýe bolýar: 0 – ak reňk (ekrana çykmaýar), 1- gara reňk (ekrana
çykýar). Diýmek, ony kompýuteriň huşunda saklamak üçin 1 bit ýeterlik
bolýar. Reňkli şekilleriň reňkleriniňt çuňlugy dürli bolup bilýär (bit bir nokatda:
4,8,16,24). Her bir reňki nokadyň ýagdaýy hökmünde göz öňüne getirip
bolar.
Ekrana golaýlap seretseňiz ýa-da suraty golaýlatsaňyz surat iň aňry
derejede ulalyp ýakynlar we ondan aňryk gitmez. Şonda siz her haýsy
aýratyn reňkler bilen doldurylan dört burçlyklary görersiňiz. Olara Piksel
diýilýär. Suraty düzýän reňk bölejikleriniň iň kiçisi. Şol pikseljikler üýşip
bize gerek suraty düzýärler.
Fotoaparadyň megapikseli näçe köp bolsa şonça hem pikselleri köp
bolan surat emele gelýär. Megapiksel sözi hem Mega (million) piksel
sözlerinden gelip çykandyr.
Reňkiň çuňlugy (I) Çykýan reňkleriň sany (N)
4 2^4=16
8 2^8=256
16 (High color) 2^16=65536
24 (True color) 224^4=16777216
Sagdaky suratda görşüňiz ýaly adamlar ullakan surat ýasapdyrlar. Bärde adamlaryň elinde
saklaýan reňkli matalary piksel hökmünde pikir etmek mümkin. Setir sanyna monitoryň ini,
sütün sanyna boýy diýip monitora meňzedeliň. Umumy adamlaryň otyran aralyklaryny hem
öwrenip, PPI hem tapmak mümkin. Adamlaryň matajyklary ýekeje reňkde we diňe bir surat
çekip bilýän bolsalar, kompýuterde 16777216 sany matajyk bar.
18 RENKLI ŞEKILLER
PHOTOSHOP
DEŇEŞDIRME
PHOTOSHOP WE ILLUSTRATOR
Adobe Photoshop Adobe Illustratora garşy.
Adobe Illustrator programmasy Adobe Photoshop programmasyndan
3 ýyl öň çykýar. Illustratoryň ilkinjisi 1.1, Photoshopyň ilkinjisi 1.0 diýip
çykarylýar.
Adobe Illustrator programmasyny esasan dizaýnerler ulanýar. Adobe
Photoshop programmasyny esasan suratkeşler ulanýar. Ýöne diňe şol
ulanýan programmasyny ulanýar diýilýän zat ýok. Gerek ýerinde ikini
hem birlikde ulanmaly bolýar.
Adobe Illustrator hem-de Adobe Photoshop programmalarynyň ilkinji
görnüşleriniň açylyş ekranlary. Şuwagt örän ýönekeý görünsede, çykan
ýyllary üçin ösen programmalar hasaplanýar.
Meýdan saýlamak üçin gural Adobe Illustratorda ýok. Ýerleşdirmegiň
manysy hem ýok. Photoshopda islän ýerimizden islän ulylygymyzda
meýdan saýlap bilýäs we gatlardan birini saýlap, saýlanan meýdanyň
içinde galýan bölegini ulanyp bilýäs.
Adobe Illustrator programmasy wektor suratlar bilen işleýär. Broşurka,
logo we şm. noldan başlap ýasalýan suratlar üçin Illustrator amatly.
Adobe Photoshop programmasy rastr suratlar bilen işleýär. Esasan
düşirilen suratlary montaž etmek, bezemek, üýtgetmek üçin ulanylýar.
Wektor suratlar näçe ýakynlatsak hem şol durkyny saklaýarlar. Rastr
suratlarda beýle däl. Pikseller arkaly emele gelýäni üçin ýakynlatsak
suratyň hili pes bolsa pikseller görünýär.
DEŇEŞDIRME
RENKLI ŞEKILLER
19
DEŇEŞDIRME
PHOTOSHOP WE ILLUSTRATOR
Adobe Illustrator programmasynda täze dokument döredilende
işlemek üçin näçe tagta gerekdigini doldurylýan ýeri hem bar. Birnäçe
aýratyn işleri dürli ölçeglerde ýatda saklamak mümkinçiligi bar. Adobe
Photoshop programmasynda diňe ýeke tagta döretmek mümkin.
Ctrl+Z programmalaryň aglaba böleginde soňky edilen hereketi
gymyldyny yzyna gaýtarýar. Adobe Illustrator programmasynda hem
şolar ýaly. Adobe Photoshop programmasynda Ctrl+Z düwmelerini bir
gezek basamyzda heketi yza alýar. Ýene bir gezek bassak öňki halyna
getirýär. Has öňki hereketleri yza almak üçin Ctrl+Alt+Z basmaly.
Adobe Photoshop programmasynda araçäkden çyksaň işläp duran
zadyň görnenok. Ähli zat dört burçlygyň içinde bolup geçýär. Adobe
Illustratorda islän ýeriňde işläp bolýar diňe JPEG hökmünde ýatda
saklamakçy bolsaň bellenen çäge getirmeli.
Grafika we wideolar bilen işleşýän programmalarda işimizi
aňsatlaşdyrmak üçin gatlar döredilendir. Adobe Illustratorda gatyň
içinde ýene bir gat ýerleşip bilýär. Adobe Photoshop programmasynda
gatyň içinde ýene bir gat ýerleşip bilmeýär. Ýöne işimizi aňsatlaşdyrýan
toparlar bar. Toparlar döredip, gatlary olara ýerleşdirip saýgaryp bolýar.
Adobe Illustrator programmasynda ýatda saklamak uly göwrümli
suratlarda-da kiçi göwrümli suratlarda-da deňräk. Adobe Photoshop
programmasynda suratyň göwrümine görä ýatda saklamak wagty
uzalyp gysgalýar. Ýöne ortaça hasap boýunça Adobe Illustratorda ýatda
saklamak prosessi çalt amala aşyrylýar.
20 RENKLI ŞEKILLER
PHOTOSHOP

Benzer belgeler