Ata bilen özara gatnaşyk - kitabi

Transkript

Ata bilen özara gatnaşyk - kitabi
JoşMakdauellözüniň„Atabilenözaragatnaşyk“diýen
kitabynda,çagalaryňyzbilendüşnüşmekdewesazlaşykda
bolmagaýardametjek,atalygyňilkinjinusgasybolanon
häsiýetlerbaradagürrüňberýär.Siz,MukaddesKitabyň
ylhamlarynyňweaçykmysallarynyňkömegibilen,atalyga
düýbündentäzeçeçemeleşmekhakyndabilersiňiz.
Buçemeleşiş,çagalaryňyzdakygymmatlyklarulgamynyň
düýbüniňberktutulmagynawedurmuşdaolaryňhemişe
dogrysaýlawetmekdebaşarnyklybolmagynaalypbarar.
Originally published in English under the title
TheFatherConnectionby Josh McDowell.
© 1996 by Josh McDowell
Published by: Broadman & Holman Publishers, Nashville, Tennessee, U.S.A.
© 2005 for the Turkmen edition.
Translated by permission. All rights reserved.
MINNETDARTLYK
Bu kitabyň çap edilmegi baradaky arzuwymyň hasyl bolmagy üçin,
bahasyna ýetip bolmajak kömegi eden toparyň adamlaryna, çäksiz
minnetdarlygymy bildirmek isleýärin.
Meniň ata hökmünde dikelmegime uly täsir eden Norm Ueýkfilde
minnetdardyryn. Onuň (bilen bilelikdäki ýazan „The Dad Differense“
atly kitabymyzda öz beýanyny tapan) ýitiligi we düşbüligi, durmuşymda
ata bolmagymdaky Gökdäki Atamyň oýnaýan roluna, düşünjämi gaty
çuňlaşdyrdy. Normuň, Hudayyň keşbine meňzeş bolup ýaşamagyň wajypdygy baradaky çuň ynandyrmalary, onuň durmuşyndan alnan mysallarda
şöhlelendirilendir. Şol mysallary men şu kitapda-da ulandym.
Bu kitabyň ilkinji golýazmasyny işläp taýýarlamakda eden kömegi
üçin, Lerri Kifowere minnetdardyryn.
Bezeg işleri we ilkinji golýazmadan gutarnykly çykmaga eden kömegi
üçin Bob Hostetlere minnetdarlygymy bildirýärin.
Bu işe beren bahasy we onuň neşir etaplarynyň ählisinden geçmegine
eden goldawy üçin, Broadman & Holman neşirýatynyň işgäri Jenis
Uipple minnetdardyryn.
Umumy pikirleri işläp bejermekde, kitabyň gurluşyna döredijilikli
çemeleşme döretmekde we işiň gutaryşy babatda köp ownuk päsgel
çilikleri aradan aýyrmaga eden kömegi üçin, on dokuz ýyldan bäri
bile işläp gelýän kärdeşim Deýw Bellise minnetdardyryn.
Iň soňunda, aýalym Dottä we çagalarymyza — Şona, Kellä, Keýtä,
Hezere — men has gowy ata bolmagy öwrenýänçäm görkezen sabyrlylyklary, söýgüleri we goldawlary üçin minnetdardyryn.
Joş Makdauell
K YN PURSATDA ATA BOLMAKLYK
1
Mundan ýigrimi ýyldan-da gowrak ozal, özümiň täze doglan uluja
çagamy ilkinji gezek elimde tutup görüpdim.
Şol pursatda, özümi gurşap alan pikirleri we duýgulary häzirlerem
ýatlaýaryn. Men gyzym Kelliniň ýüzüne seretdim. Ol ýumşajyk sary
ýorgança dolanandy. Men onuň barmajyklaryny sanadym, kiçijik bedenjiginiň bütewiligine hem gurluşyna diýseň haýran galdym we tolgundym.
Ol ejizjekdi. Ol bahasyna ýetip bolmaz çagady. Ol meniňkidi.
Onuň ýüzüne söýgi we tolgunma bilen seredip otyrkam, kalbymda
ýene bir duýgynyň peýda bolýandygyny duýdum. Ol duýgy maňa gaty
tanyşdy. Bu gorkudy.
„Men näme edýärin? Men ata bolmagyň nämediginem bilemok
ahyryn“ diýip, öz-özümden soradym.
Çagakam men ata söýgüsiniň nämedigini bilmeýärdim. Men hiç
haçan hiç bir zatda kakamdan görelde alyp bilmedim. Kakamyň meni
nirädir bir ýere äkideni, meniň bilen azajyk wagt bile bolany ýadyma
düşmeýär. Haçan-da bolsa bir wagt, kakama guwananymy ýa-da ondan
görelde alanymy aňyma getirip bilemok. Açygyny aýtsam, men ony
ýigrenýärdim. Men Miçigan ştatyndaky kiçijik şäherden daş bolmadyk,
150 akr meýdany eýeläp duran süýt fermasynda ösüp-ulaldym. Bu
şäherjikde hemmeler biri-birlerini tanaýardylar. Kakamyň arakhorlugy,
elbetde, hemme kişä bellidi. Meniň ýetginjek dostlarym ol hakda degişme sözlerini aýdýardylar. Menem derdimi ýeňleder diýen umyt bilen,
olara goşulyp gülýärdim.
Men, özümi utanja goýýandygy, ejeme-de hupbat baryny berýändigi
üçin ony ýigrenýärdim. Käwagt men mal ýatagyna girenimde, ýerinden
galyp bilmez ýaly edilip ýenjilip, sygryň ýanynda dersiň üstünde ýatan
ejemiň üstünden barýardym. Kakam lül-gammar bolup öýe gelende,
Kyn pursatda ata bolmaklyk
5
käwagt men ony ammara süýräp salyp, sütüne daňýardym we „ukusyny
alar“ ýaly şol ýerde goýup gaýdýardym. Entek ýetginjekkäm men onuň
aýaklaryny daňýardym-da, ýüpüň boş tarapyny boýnuna orap goýýardym.
Muny ol ýüpden boşajak bolanda demigip öler diýen niýet bilen edýärdim.
Ejem meniň mekdebi gutaranyma bir aý geçenden soň ýogaldy. Onuň
ölüminde men kakamy günäkärleýärdim. Mesihi bolanymdan soň, Rebbiň
maňa kakam bilen ýaraşmaga we birleşmäge, hatda ony (ýürek keselinden
ýogalmazyndan 24 aý öň) Halasgär Mesihe getirmegime, Hudaýyň
maňa kömek hökmünde mümkinçilik sylagyny berendigine garamazdan,
özüm ata bolanymda, bu rola özümiň asla taýýar däldigim baradaky ýiti
duýgy menden aýrylmaýardy.
DÜNÝÄDÄKI IŇ EÝMENDIRIJI KÄR
Eger siziň kakaňyz bilen şeýle elhenç özara gatnaşyklaryňyz bolmadyk
bolsa-da, ene-ata borjunyň, köplenç, dünýädäki iň agyr işdigi baradaky
düşünjäm bilen ylalaşyp bilerdiňiz. Iň erbedi-de, gynansagam, atalyga hiç
ýerden kepilnama almagyň mümkin däldigidir. Biziň köpimiz gönüdengöni synag we ýalňyşlyklar usuly bilen işiň gidişinde — onda-da köp
bölegini hut ýalňyşlyklar bilen — öwrenmeli bolýarys. Kimdir biriniň
aýdyşy ýaly, adamlaryň köp böleginiň ene-atalyk kärindäki käbir üstünliklerine, öz çagalarynyň ene-ata bolanyndan soň ýetýärler!
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda men öz egindeşlerimiň — hakyky ata bolmakdaky işde özlerini sussypes duýýan hoşniýetli atalaryň
— eden tagallalaryny we ýeten üstünliklerini synladym. Olaryň köpüsi
özleriniň belli bir tagallalary ynan edýän nika gatnaşyklarynyň, işiň we
atalygyň arasynda aljyraýandyklaryny boýun alýarlar. Olaryň köpüsi
özleriniň ýokary derejeli iş tertibine we şol tertip zerarly peýda bolýan
dartgynlylyga baglydyklaryny duýýarlar. Köpüsi atalyk tejribesiniň
kemligi, maşgaladaky erbet gatnaşyklar ýa-da öz çagalygyndaky ýaramaz
gatnaşyklar sebäpli özlerini gandallanan ýaly duýýarlar.
Munuň üstesine-de, häzir atalykdan edilýän ynan hemme wagtkydanda güýçlendi.
Özümizem — çagalarymyzam — nikamyza, maşgalamyza, çagalarymyza howp abanýan dünýäde ýaşaýarys. Biz Mukaddes Kitapdaky
hakykata garşy çykýan medeniýetiň, Mukaddes Kitap ahlaklylygynyň
üstünden gülüp, jynsy gatnaşygy we zorlugy şöhratlandyrýan, serhoşlukdyr tekepbirlik bilen göwün açylýan zamanada ýaşaýarys. Biz hakykat
we ahlak düşünjesine düýbünden garşy çykýan jemgyýetde, haýsydyr bir
ýol bilen nämäniň dogrudygyny, nämäniň nädogrudygyny çözme ukybyny
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
6
ýitiren jemgyýetde, hakykylygyň şahsy häsiýetiňe öwrülen, ahlaklylygyň
bolsa öz saýlawyň bilen çalyşylan jemgyýetinde ýaşaýarys.
Biz dargama ýagdaýynda duran medeniýet döwründe, çagalarymyzy
terbiýeleme meselesi bilen ýüzbe-ýüz durýarys. Barlaglar hasabat beriş
gullugynyň Amerikada her gün nämeler bolýandygy baradaky hasabatyna esaslanyp, bize gorkunç zatlary habar berýär:
 1000 sany durmuşa çykmadyk ýetginjek gyzlar ene bolýarlar;
1106 sany ýetginjek gyzlar abort etdirýärler;

4219 sany ýetginjege jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän kesel ýokuşýar;

500 sany ýetginjekler neşe ulanyp başlaýar;

1000 sany ýetginjekler alkogolly içgileri içip başlaýar;

135 000 çaga mekdebe ýany bilen pistolet ýa-da başga ýarag alyp

gelýär;
3610 sany ýetginjek üstüne hüjüm edilmelere; 80 sanysy bolsa zorla
malara sezewar edilýär;
2200 sany ýetginjek mekdepden çykarylýar;

(10-19 ýaş aralygyndaky) 7 sany çaga öldürilýär;

(17 we ondan kiçi ýaşly) 7 çaga adam öldürendigi üçin tussag edilýär;

6 sany ýetginjek öz janyna kast edýär.1

Şonuň üçin köp erkekleriň atalyk bilen baglanyşykly borçlaryna gorky
we sandyrama bilen seredýändigi geň zat däldir.
DÜNÝÄDÄKI IŇ WAJYP IŞ
Atalyk borçlaryny berjaý etme meselesiniň örän wajyplygy bardyr. Bu
mesele, ylaýta-da, biziň döwrümizde güýçli ösdi. Çaganyň kakasy bilen
özara gatnaşyklary, ýaş ýigitde ýa-da gyzda saglygyň, ösüşiň, bagtyň
kemala gelmesiniň çözüji ýagdaýydyr.
Resminamalar bilen berkidilen aşaky delilleri siziň dykgatyňyza teklip
edýärin:
 Beýni saglygy boýunça halkara institutyndan doktor Loren Moşen,
ABŞ-nyň ilat ýazuwy geçirilip, alnan sanlary derňäp görýär. Şonda
ol garyplyga seredende atasyzlygyň, ýetginjek düzgüni bozujylaryň
sanynyň köpelmegine has uly täsir edýändigini bildi.
Ýel uniwersitetiniň häsiýeti öwreniji topary, bütin dünýä boýunça dürli

medeniýetli kyrk sekiz jemgyýetdäki ýetginjek düzgün bozmalaryny
öwrendiler. Şonda olar, çagalykda ejesi terbiýelän uly adamlaryň
Kyn pursatda ata bolmaklyk
7
arasynda edilen jenaýatlaryň iň ýokary derejä ýetendigini bildiler.
Doktor Martin Deýç, atanyň barlygynyň we onuň bilen gürrüňiň,

ylaýta-da, bütin maşgala bilen nahar başynda edilen gürüňiň, çaganyň
mekdepde gowy ýetişik gazanmagyna höwes döredýändiginiň üstüni
açypdyr.2
1948-1964-nji ýyllar aralygynda Jon Hopkinsiň Uniwersitetini gutaran

1337 doktoryň barlaglary, ýürek damarlarynyň ýetmezçiligi, howply
çiş, beýni näsazlygy we özüne kast etmek ýaly keselleriň döremegine,
ene-ata bilen ýakynlygyň kemçilik etmegi sebäpli bolýandygyny
görkezdi.3
Aşgazanyň newrotik näsazlygyndan (anoreksiýadan) ejir çekýän otuz

dokuz ýetginjek gyzda geçirilen barlagyň netijesinde, şeýle zat ýüze
çykaryldy: olaryň otuz altysyndaky umumy ýagdaý, kakalary bilen
ýakyn özara gatnaşygyň ýetmezçiligi bolupdyr.
Jons Hopkinsiň Uniwersitetiniň derňewçileri „atasyz maşgalada

ýaşaýan akja, ýaş ýetginjek gyzlaryň nikadan öňki jynsy gatnaşyga
ir başlamagynyň, ene-atasynyň ikisi bilenem ýaşaýan ýetginjek gyzlara
seredende 60% ýokarydygynyň“ üstüni açdylar.4
Doktor Armand Nikoliniň derňewleri, maşgalada atanyň bolmazlygynyň

çagada aşaky kynçylyklaryň döremegine öz täsirini ýetirýändigini
görkezdi: 1) bir zada ýetmek üçin pes sebäp; 2) beriljek sowgat üçin
gyssagly lezzeti gaýra goýma ukypsyzlygy; 3) özüne pes baha berme;
4) toparlaýyn täsire we düzgün bozmalary etmäge duçar edilme 5
Özümiň ýüzlerçe ejeler, kakalar we çagalar bilen özara gatnaşyklaryma
esaslanyp, getirilen netijeler bilen ylalaşýaryn. Mundan başga-da, öwrenilen
bu zatlaryň netijeleri, öňräkki mesihi Hoş Habar ýygnanyşyklarynda,
ýaşlaryň arasynda geçirilen barlaglara diýseň gabat gelýär.
Öňüräk men Hoş Habar ýygnanyşyklarynda 3700-den gowurak ýetginjegiň arasynda gysgaça barlag geçirdim. Bu mesihi ýaşlaryň arasynda şu
wagta çenli geçirilen barlaglaryň iň ulusy boldy. BarnaResearchGroupyň
kömegi bilen geçirilen bu barlag, ata bilen çaganyň arasyndaky özara
gatnaşygyň wajypdygyny görkezdi.
Derňewiň dowamynda sorag edilen 3795 ýetginjegiň 82%-i mesihi
ýygnanyşyklaryna her hepde barýar, 86%-i Halasgäri we Rebbi hökmünde Isa Mesihe iman edendigini aýtdy. Ýöne soňurak bu sorag-jogap
alşygy, mesihi ýygnanyşyklaryna degişli maşgalalarda 54% çaganyň we
ýetginjegiň öz kakasy bilen örän seýrek ýa-da hiç haçan iman, din
baradaky soraglar hakda gürrüň etmeýändigini görkezdi. (26%-i munuň
ýaly zatlar barada seýrek ýa-da hiç haçan gürrüň etmeýändigini aýtdy).
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
8
Sorag-jogap alşylan her bir dört çaganyň dördünjisi, uly ähmiýeti bolan
zatlar hakda kakasy bilen hiçhaçan gürrüň etmeýändigini aýtdy. Bäşden
ikisi bolsa (42%), öz kakasy bilen ,,diňe ikimiz üçin“ wajyp bolan işi
seýrek edýändigini ýa-da hiç wagt etmeýändigini boýun aldy. Her bäş
çaganyň biri kakasynyň özüne söýgüsini seýrek bildirýändigini ýa-da hiç
bildirmeýändigini aýtdy.6
Barlaglar şol bir wagtyň özünde ene-atasyna „örän ýakyn“ bolan
ýetginjekleriň:
özlerini durmuşyndan „diýseň razy“ duýýandygyny

nika çenli bolan ýakyn gatnaşyklardan saklanýandygyny;

çynyň, hakykatyň we ahlaklylygyň Mukaddes Kitap ülňilerini maku
llaýandygyny;
ýygnanyşyga gatnajakdygyny;

Mukaddes Kitaby ünşli öwrenjekdigini;

her gün doga etjekdigini hem görkezdi.

Diňe bir mesihi ýaşlarynyň däl, eýsem, hemme ýaşlaryňam arasynda
geçirilen bu barlag, ata bilen özara gatnaşyklaryň çaganyň saglygyna,
ösüşine we bagtyna täsir edýän aýgytly sebäp bolup durýandygyny açyk
görkezdi. Bu, ejäniň wajyp däldigini aňlatmaýar. Ýöne bu, şeýle-de ejäniň
öz borçlaryny berjaý edip, çagalaryň aladasyny edip, olar bilen gürrüňleşip,
wagtynyň köp bölegini olar bilen geçirip, çaganyň ýanynda bolýandygyny
belleýär. Netijede çagalar ejesinden kiçigöwünli, söýgi bilen seredýän,
açyk we kabul ediji bolmaklyga garaşýarlar.
Ata babatdaky ýagdaýda bolsa, ynan etme we teklip kanuny güýje
girýär. Köp ýagdaýlarda ata gaty bir açyk bolmaýar, çaganyň gyzyklanmalaryna az üns berýär ýa-da olar bilen az gürleşýär. Atanyň ünsüniň we
wagtynyň gytçylyk edýändigi üçin, onuň bilen gatnaşyklaryň töwereginde
uly ähmiýetli sowuklyk peýda bolýar. Biziň hemmämizde bolşy ýaly,
çagalar hem özlerinde ýok zady almagy diýseň höwes edýärler, olaryň
bolsa köplenç kakalary bilen ýakyn özara gatnaşygy bolmaýar.
Ine, näme üçin ata bilen gatnaşyk, ýaşyna seretmezden, siziň çagalaryňyz üçin iň wajyp zat bolup durýar. Atalar, siziň ogullaryňyz we
gyzlaryňyz bilen gatnaşyklaryňyz örän pes derejede. Şol gatnaşygyň
wajyplygy ylmy taýdan tassyklanandyr. Ol siziň çagalaryňyzyň akyldarlyda,
boýda, Hudaý we adamlar bilen ylalaşykda ösmegine täsirini ýetirýär. Siz
çagaňyzyň özüne baha berşinde, töweregine bolan garaýşynda, maksada
laýyklyk duýgusynda köp zady üýtgedip bilýärsiňiz.
Kyn pursatda ata bolmaklyk
9
DÜNÝÄDÄKI IŇ AJAÝYP IŞ
Kakamyň görkezen göreldesi arkaly alan ilkinji atalyk tejribämiň kämillikden daşda bolandygyna seretmezden, meniň bagtym getirdi. Sebäbi mende,
köp ýyllaryň dowamynda ajaýyp adamlaryň elinde okama mümkinçiligi
boldy. Olaryň arasyndaky esasy adam, aýalym Dotti boldy. Ol diýseň ajaýyp
ýanýoldaş (munuň ýaly ýanýoldaş barada adam diňe arzuw edip biler),
şeýle hem dört çagamyzyň akylly we söýgüli ejesidir. Iň ýakyn dostum
bolan (edil öz oglum Şon ýaly) Dik Deýden men gaty köp zady öwrendim.
Şeýle hem Norm Ueýkfild meniň üçin mesihi — atanyň gowy göreldesi
boldy. Ol köp kitaplary bilelikde ýazan meniň dostumdyr.
Norm bilen onuň aýaly Winni eýýäm ullakan adamlar bolan bäş
çaganyň ene-atasy. Normuň durmuşyndaky iň ajaýyp pursatlaryň biri,
ogly Joýel ýigrimi dört ýaşyna ýetende bolupdy.
„Joýeliň toýy meniň üçin aýratyn waka boldy, sebäbi ol menden
özüniň sahyby bolmagymy haýyş etdi. Men bu ýaş ýigidiň ýanynda
duran mahalym pikirim uzak geçmişlerdedi. Joýeliň mekdebe baryp
başlamadyk kiçijik wagty meniň ýadyma düşdi. Ol wagtlar men Kentukki
ştatynyň Luiswillinde doktorlyk dissertasiýamyň üstünde işleýärdim. Bir
gezek öýe gelemde, heläkçilikli ýagdaý netijesinde oglumyň kellesiniň
ýarylandygyny gördüm. Men Joýeli alyp, keselhana ylgadym. Lukmanlar
barlag geçirmäge başlanlarynda, men özümiň gorkym we ejizligim bilen
ýeke galdym. Şonda, oglumyň näderejede özüm üçin gymmatdygyna we
ony nähili gowy görýändigime düşünendigim üçin aglap başladym“ —
diýip, Norm gürrüň berýär.
Tizara Norma Joýeliň ýarasynyň agyr ýa-da uzaga çekýän ýara
däldigini hem-de oglanjygyň tizara doly sagaljagyny aýdýarlar. „Şol gün
men özüm üçin oglumyň nähili ahmiýetlidiginiň üstüni açdym“ — diýip,
Norm gürrüň berýär.
Şondan soňky ýigrimi ýylyň dowamynda Norm Joýeliň we beýleki
dört çagasynyň söýýän, gyzyklanýan we ünsli kakasy bolmak üçin
elinden gelenini edýär. Onuň köp zatlar babatda eden tagallalary, Joýeliň
toýy güni iň ýokary derejä ýeten ýaly boldy.
„Özümiň söýýän we hormat goýýan ýigrimi dört ýaşly oglumyň
ýanynda duranymda, meni şatlyk gurşap aldy. Onuň edil öz uýalary ýaly,
Mesihi hormatlajagyny we Oňa gulluk etjegini bilýärdim. Şeýle hem öz
gelni Liza, söýýän ýanýoldaş boljagyny bilýärdim“ — diýip, Norm gürrüň
berýär.
„Men iman bereni üçin Rebbe çyn ýürekden minnetdardygymy
duýdum. Özümizi çagalarymyzyň söýgüsine, şatlygyna we terbiýesine
10
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
bagyş edendigimiz üçin, Ol Winni ikimizi sylaglady. Şu döwür içinde
hem çagalarymyz biziň iň gowy dostlarymyz bolup ýetişdiler“.
Joýel kakasyna nähili ajaýyp minnetdarlyk bildirdi! Ol synpdaşlaryndan, sport toparyndaky dostlaryndan ýa-da çagalyk dostlaryndan
birini öz sahyby hökmünde saýlap bilerdi. Ýöne ol kakasyny saýlady!
Atalygyň dünýäde iň eýmendiriji kär bolmagy mümkin, ýöne ol şeýle
hem, adamyň paýyna düşýän iň wajyp, iň ajaýyp kärdir. Dürli
çäklendirilmelere, ýagdaýlara seretmezden, siz hakyky ata bolup bilersiňiz. Siz päsgelçilikleri ýeňip geçip bilersiňiz. Siz öz garşyňyza
gönükdirilen kynçylyklaryň hötdesinden gelip bilersiňiz. Siz öz çagalaryňyza gerek bolan ata bolup bilersiňiz.
Men sizi, öz hereketleriňizi şu kitapda beýan edilen pikirlere
laýyklykda görkezmäge we delillendirmäge çagyrýaryn. Men atalyk
ulgamyndaky ekspertiň roluna dalaş edemok. Özümiň başlangyjym-da
hiç hili gowulyk ýokdy. Belki, sizde-de bolşy ýaly, menem köp göreşmeli
bolýardym. Men köp şowsuzlyklara uçrapdym. Ýöne başgalardan köp
zady öwrendim. Çagalar bilen özara gatnaşyklarymda, meniň üçin diňe
ak pata bolan käbir maslahatlarym size-de kömek eder diýip umyt
edýärin.
Elbetde, bu kitaby okadygyňyzça özüňiziň bolmalysy ýaly mukdarda
täsirli bolmandygyňyza düşünip, özüňizi oňaýsyz duýjagyňyzy bilýärin.
Bu tebigy zat: biziň hemmämizem ýuwaş-ýuwaşdan gowulaşýarys. Ýöne
men, siziň özüňizi günäkär saýyp başlamagyňyzy islemeýärin. Atanyň
her günki duş gelýän kynçylyklarynyň hemmesini men başdan geçirýärin.
Özümi hemişe günäkär saýyp ýöremekden gaça durmak üçin, men üç
sany ýönekeý ýagdaýda saklanmaga çalyşdym. Olaryň size-de kömek
etmegi mümkin:
Birinjiden, atalygy oňat we optimistik görnüşde görmäge çalyşyň. Atalyga diňe bir öz çagaňyzyň durmuşyny gurplandyrýan oňat,
mähirli täsir hökmünde däl-de, Rebbiň özüňiziň akyl, duýgy we ruhy
taýdan „ösmegiňiz“ üçin ulanýan serişdesi hökmünde-de seretmäge
çalyşyň. Ýitiren wagtyňyzyň, birnäçe ýyllardan soň — belki-de
nesilleriňizde — miwe getirjegine iman edip, atalyga, öz durmuşyňyzy
kimdir birine bagyş etmek üçin berlen ajaýyp mümkinçilik hökmünde
serediň.
Ikinjiden, ösüşe durmuşyň dowamynda ädip başlan kiçijik
ädimleriňiziň yzygiderliligi hökmünde serediň. Özüňizi edip bilmedik
zadyňyz sebäpli, sussupes duýmaklyga ýol bermäň; gowusy güýjüňizi şu
günki ätjek täze ädimiňiz üçin jemläň (biz her babyň soňunda, öz pikirleriňizdäki we öňe eden hereketleriňizdäki artykmaçlyklaryňyzy kesgit-
Kyn pursatda ata bolmaklyk
11
lemäge kömek etmek üçin, birnäçe soraglary we hereketler (ädimler?)
üçin teklipleri hödürleýäris. Bu kiçijik üýtgeşmeler, siziň çagalar bilen
özara gatnaşyklaryňyzda derrew ep-esli öňe gidişlige alyp barar. Şeýle
hem ýatda saklaň, nähili tagallalary edýändigimize seretmezden, biziň
köpimiz özümiziň ene-ata hökmünde ýeten derejämiz bilen kanagatlanmaýarys. Şonuň üçin ruhdan düşüp, dowul tapmagyň deregine, kanagatlanarsyzlyk duýgymyzyň ugruny üýtgetmek we ony ýuwaş-ýuwaş ösüşe
öwürmek üçin aýratyn tagallalary etmelidiris.
Üçünjiden, özüňizi atalyk hukuklaryna we jogapkärçiligine
bagyş etmede belli netijä geliň. Mezmuryň awtory bize bu çagyryşyň
ajaýyp başlangyjyny berip, şeýle diýýär:
Ine,çagalarRebdenmirasdyr,ýatgynyňmiwesiOndan
mirasdyr(127:3)
mirasdyr
(127:3).
.
Käwagt käbirlerimiziň: hakykatdanam çagalarymyz Rebden sowgatmy?
- diýip geň galýan pursatlarymyz bolýar. Emma Perwerdigär Hudaýyň
ýaşajyk çagalary jogapkärçilikli kämillige taýýarlama meselesini özümize
ynanandygy barada oýlananymyzda welin, bu messiýa baky mana eýe
bolýar. Atalyk Rebbiň gürrüňsiz bize beren aýratyn hukugydyr we
durmuşymyzy özümiziň şeýle güýçli söýýänlerimiziň guýulmagy üçin,
deňeşdirip bolmajak mümkinçilikdir.
Syýahata bile başlaýandygymyz sebäpli, men sizi aşakdakylar babatda
ylalaşmaga çagyrýaryn: özümize nähili agyr düşse-de, çagalarymyz nähili
jogapkärçiliksiz bolsa-da, ýolumyz geljekde özümizi nirä alyp barsa-da —
biz özümizi dolulygymyza şol hukugymyza we atalygyň parasatly, söýgüli,
yhlasly we alçak jogapkärçiligine bagyş edýäris. Siz indiki sahypalarda
özüňiz üçin gowy ata bolmaga, öz islegiňizdäki ýaly ata bolmaga,
çagalaryňyzyň islegindäkisi ýaly ata bolmaga, Rebbiň çagyryşyndaky ýaly
ata bolmaga kömek etjek on häsiýeti tapyp bilersiňiz. Siz özüňiz üçin
güýjüň düýbünden täze çeşmesini we geljekde öz roluňyzy hem-de
borjuňyzy düýbünden başga derejä alyp barjak içki atalyk garaýşyny
taparsyňyz. Atalyk aragatnaşyklaryny duýup başladygyňyzça-da, dünýädäki
iň ajaýyp işiň miwesini ýygyp başlarsyňyz.
EJELER ÜÇIN ÝÖRITE BELLIK
Men bu kitaby köp ejelerem okar diýip güman edýärin — bu örän gowy!
Men, peýdaly atalygyň düýp-teýkaryna siziň öz garaýşyňyzyň bardygyny
bilýärin, emma ýeten derejäňizde saklanmaly dälsiňiz. Men sizi başlaýjy
12
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
bolmaga çagyrýaryn: bu kitaby adamyňyz okar ýaly ediň. Ol ondaky
zatlary durmuşa geçireninde oňa goldaw beriň.
Bu kitaby atalara niýetlemek bilen, siziň çagalaryňyzyň durmuşyndaky roluňyzy kiçeltmek maksadymyň ýokdugyny bilmegiňizi isleýärin.
Ene-atanyň ikisem işläp, çaga terbiýelände, ene-ata borçlaryny ýerine
ýetirmeklige bileklikde ugur tapmalydygyna men çyn ýürekden
ynanýaryn. Gynansamda, men öz atalyk borçaryny gowy ýerine ýetirmeýän atalary köp görýärin. Terbiýeleme ýüküni durşuna enäniň üstüne
atýan köp erkekler, öz çagalarynyň durmuşynda işjeň rol oýnamak
islänlerinde şowsuzlyga uçraýarlar.
Şonuň üçin, men bu kitaby bize, atalara, Hudaýyň özümize beren
roluna düşünmegimize kömek etmek we maşgalamyzda söýgüli, gönükdiriji, alyp baryjy, hormat goýujy hem-de berkidiji güýji döretmekde
aýalymyzyň hakyky ýoldaşy bolmagymyz üçin ýazdym.
Eger siz ýeke ene bolsaňyz, çagaňyzyň ýanynda atasynyň (fiziki ýa-da
duýgy taýdan ýa-da ikisiniňem bilelikde) ýoklugynyň oňa nähili täsir
etjekdigi, sizi alada goýýandyr. Eger mümkin bolsa, bu kitaby çagalaryňyzyň
atasyna beriň. Ilki bilen çagalaryňyzyň abadançylygynyň aladasyny edip,
öňki ýanýoldaşyňyza, mümkinçiliklerine görä gowy ata bolmagyna kömek
ediň. Bu siziň hemmäňize gerek zat, munuň üçin çagalar sizi gowy görer.
Eger çagalaryňyzyň atasy uzakda bolsa ýa-da öýkünere ýaramsyz
görelde görkezýän bolsa, onda öz ýygnanyşygyňyzdan siziň çagalaryňyza
mesihiniň gowy göreldesini görkezip biljek kämil we berk imanly adamy
tapmaga çalyşyň. Belki, kimdir biriniň kakasy siziň çagalaryňyzy-da, öz
maşgalasynyň çärelerine goşmak islär ýa-da siziň çagalaryňyzyň dosty
bolup, olar bilen gatnaşyk saklamak üçin tagalla eder. Bu kitaby okamak
bilen, siz atanyň her bir çaganyň durmuşynda nähili uly ähmiýetiniň
bardygyny görersiňiz. Atasy bolmadyk maşgalalarda, onuň ýerini çagalaryňyz üçin gowy göreldesi bolup biläýjek maşgala dosty bilen doldurmaga çalyşmak örän zerurdyr.
Ähli ejeler üçin: çagalaryňyzyň öz kakasyny nähili adam hökmünde
görmek isleýändigini siz başgalardan gowy bilýärsiňiz. Atany çagalar
bilen gatnaşykda goldamakda ýa-da çagalaryň öňünde onuň roluny
kiçeltmekde we biabraý etmekde siziň uly ygtyýaryňyz bardyr. Atalyk
borjuny özleşdirme synanşygynda öz adamyňyzy goldaň. Bu, onuň üçin
örän möhümdir. Adamyňyzy we çagalaryňyzy sözleriňiz bilen goldaň.
Adamyňyzyň hereketlerini (ýa-da hereketlerindäki ýetmezçilikleri) söýgi
bilen kabul ediň.
Ejeler, siz örän wajypsyňyz! Men siziň üçin, adamyňyza Rebbiň özüni
ýaradyşy ýaly bolmagynda edýän tagallalaryňyz üçin doga etjek.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Öýde bolan mahalyňyz, öz wagtyňyzy çagalaryňyza doly bagyş
edýärmisiňiz ýa-da işdir başga zatlaryň aladasy bilen gümra bolma
niýetiňiz barmy?
2. Gürrüň siziň borjuňyza baryp ýetende, „Atalyk borjuňyzy berjaý
etmeýändigiňizi“ nädip bildiňiz? Aslyýetinde, öz borjuňyza girýän
haýsy wajyp meseleleri çagalaryň ejesiniň, mugallymlaryň, ýaşlar
ýolbaşçylarynyň üstüne ýükleýärsiňiz?
3. Şu bapda getirilen barlaglaryň netijeleri siziň üçin geň boldumy? Näme
üçin hawa ýa-da ýok?
4. Siziň çagalaryňyz, çyna, hakykata we ahlak gymmatlyklaryna degişli
alan ilkinji maglumatynyň çeşmesi hökmünde nämäni aýdardy?
5. Atasy hökmünde siziň çagalaryňyz, sagdyn çaganyň ösüşi üçin diýseň
möhüm bolan, siziň bilen şahsy gatnaşyklardan şatlyk tapýarlarmy?
Näme üçin hawa ýa-da näme üçin ýok?
6* Özüňizi çyn ýürekden mesihi atalygynyň hukuklaryna we jogapkärçiligine bagyş ediň. Esasy pikirlerini we hereket etmek üçin edilýän
tekliplerini galam bilen belläp, bu kitaby öwreniň. Bu ýörelgeleri
bilelikde öwrenmek we ara alyp maslahatlaşmak üçin isleg bildirýän
atalaryň kiçiräjik toparyny döretme mümkinçiligine serediň.
7* Bu baby okanda meniň düşünen has zerur maglumatym ..................
.........................................................................................................
......................................................................................bolup çykdy.
8* Çagam bilen men .............................................................................
................................................................................. edip başlamaly.
* Beýan edilen ýörelgeleri özleşdirmäge kömek etmek üçin, men her
babyň soňunda soraglary we hereket etmek üçin teklipleri getirýärin.
Eger siziň oýlanmak üçin wagtyňyz bolsa ýa-da bu kitaby toparda
beýleki atalar bilen öwrenýän bolsaňyz, onda men her bir soraga
çynlakaý seredip geçmek üçin wagt bellemegiňizi teklip edýärin. Eger
wagt meselesinde kynçylygyňyz bar bolsa, onda ýyldyzjyklar (*) bilen
bellenilen soraglaryň üstünde işläň.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
2
Eger siz adamlaryň köp bölegine — hatda öz kakalary bilen azajyk ýa-da
erbet gatnaşyk tejribesi bolan bölegine — meňzeş bolsaňyz, onda sizde,
nähili ata bolmak isleýändigiňiz babatda umumy düşünje gürrüňsiz
bolaýmaly. Siziň kelläňizde iňňän sada, şeýle-de bolsa, gowy atanyň
nähilidigini görkezýän belli bir keşp bardyr.
Siz, özlerini goragly, ynamly, söýülýänligini we gowy görülýänligini

duýýan çagalary bar bolan ata ýaly bolmak isleýärsiňiz.
Siz, çagalary jyns gatnaşyklaryna diňe nikada baş goşýan we maşgala

durmuşynda öz aýalyna ýa-da adamsyna wepalylygy saklaýan ata ýaly
bolmak isleýärsiňiz.
Siz, ogullary we gyzlary erkek we aýal abraýyny dogruçyl, akýürekli

we zähmetsöýer adamyň doly şahsyýetinde gazanýan ata ýaly bolmak
isleýärsiňiz.
Siz, çagalary: „Meniň kakam wada beren zadyny hemişe ýerine

ýetirýär“ diýip, aýdyp bilýän ata ýaly bolmak isleýärsiňiz.
Siz, çagalary deň-duşlarynyň erbet täsirlerine garşy durup, gowy

dostlary tapýan, deň-duşlarynyň hormatyny we guwanjyny gazanyp
bilýän ata ýaly bolmak isleýärsiňiz.
Siz, çagalary neşeden we alkogolly içgilerden, şeýle hem şübheli toparlara

goşulmakdan çürt-kesik boýun towlaýan ata ýaly bolmak isleýärsiňiz.
Siz, uly bolan gyzy: „Kaka, maňa zerur bolan wagty ýanymda bolanyň

üçin sag bol“ diýip minnetdarlyk hatyny ýollan, ogly öz toýunda sürüji
bolmagyny haýyş eden ata ýaly bolmak isleýärsiňiz.
Siz, ogly ýanyna gelip oturyp: „Kaka, mende birnäçe çylşyrymly

kynçylyklar ýüze çykdy, maňa seniň maslahatyň gerek“ diýýän ata
ýaly bolmak isleýärsiňiz.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
16
Siz, çagalary günälerini ýa-da ýalňyşlyklaryny derrew boýun alýan,

töweregindäkilere düşünýän we olara sabyrlylyk bilen seredýän, özüne
ynamly, ýokary baha berýän ata ýaly bolmak isleýärsiňiz.
Siz, gyzynyň jorasyna: „Men guwanyp we hormat goýup bilerim ýaly,

öz kakama meňzeş bolan adama durmuşa çykmak isleýän“ diýýän
sözlerini tötänden eşiden ata ýaly bolmak isleýärsiňiz.
Biziň hemmämizem şular ýaly ata bolmak isleýäris. Men ýaşkam hut
şunuň ýaly ata bolmak isleýärdim. Ýönenädipbeýlebolupbolýandygyny
menbilmeýärdim. Çagalyk döwrümde kakamyň şu sypatlandyrmalaryň
hiç birine-de meňzemändini bilýärdim. Şonda men öz islegimdäki ýaly
däl-de, oňa meňzeş ata bolaryn diýip gorkýardym. Özüm üçin durmuşymy
gurup bilerim, öwrenerim we öýkünerim ýaly, atalygyň göreldesi bolup
biljek nusganyň zerurdygyna men düşünýärdim. Şonuň üçin, atanyň
niýetimdäki görnüşine meňzeş bolan mysalyny gözläp ugradym. Şeýdip,
men olary tapdym.
NUSGANYŇ GÖZLEGINDE
Meniň üçin atalygyň iň ilkinji — we iň oňat — nusgalarynyň biri Dik
Deý boldy. Men ol barada başda ýatlap geçipdim. Men Dik bilen 1960njy ýyllarda, ikimizem seminariýada okaýarkak duşuşdym. Ol menden
ep-esli uludy. Ol eýýäm öýlenendi, dört çagasam bardy. Ol hem edil
meniň ýaly arakhoruň ogly bolupdyr, agyr şertlerde ösüp-ulalypdyr. Ol
Mesihe otuz ýaşyna golaýlanda gelipdir, Rebbiň gulluk etme çagyryşyna
jogap beribem seminariýa okuwa giripdir.
Biz Dik bilen öwrenýän derslerimizi anyklaşdyryp ýörkäk duşuşdyk.
Biz derrew biri-birimize bolan gyzyklanmany duýduk. Biz hakyky dostlar
bolduk. Tizara, men özümi Dikiň maşgalasynyň bir agzasy ýaly duýdum.
Käwagt, göwnüme soňa goýmak bolmaýan ýaly bolan bir zat barada
gürleşmek üçin ýerliksiz wagtda, mysal üçin irden 6.30-da ýa-da gije
sagat 11-den soň onuň öýüne barýardym. Dik hemişe maňa çagalykda
örän seýrek gabat gelen sabyrlylygy, mähri we soýgini görkezýärdi.
Dik bilen Şarlottanyň öz aralarynda we çagalary bilen gürleşişleri
maňa güýçli täsir etdi. Olaryň çagalarynyň her biri bilen ýakyn, berk we
ynamdar gatnaşyklary bardy. Olaryň biri-biri bilen gürleşip, ýylgyryşyp,
gülüşip we gujaklaşyp alýan göze dürtülip duran lezzetini men geň
galma we guwanç bilen synlaýardym (men gujaklaşmany Dikiň maşgalasynda bolan wagtlarymda öwrendim). Men Dikde özümiň birwagtlarky
Ata bilen özara gatnaşyk
17
niýetimdäki bolmak islän atamyň nusgasyny gördüm. Meniň öňümde
ýüregimde beslän adamymyň aýdyň we takyk nusgasy peýda boldy.
Birneme soňurak ikimizem Campus Grusade for Christ-iň („Täze
durmuş“ diýlip terjime edilýär) agzalary bolanymyzdan soň, Dik ikimiziň
ýolumyz wagtlaýynça aýra düşdi. Men bütin Amerikanyň we Kanadanyň
kollejlerinde leksiýalar okap başladym, ahyrsoňunda-da, Dotti bilen
tanyşdym. Men onuň bilen yzygiderli duşuşyp başlanymda onuň öz
maşgalasyny köp ýatlaýşyna we ejesiniň, kakasynyň, inisiniň, uýasynyň
özi üçin şeýle ähmiýetlidigine höwesim gidýärdi. Birnäçe aý geçenden
soň, Roždestwo rugsady döwründe Dottiniň maşgalasy bilen tanyşmak
maňa miýesser etdi.
Biziň gatnaşyklarymyzyň ilkinji günlerinde, hut nämäniň — Dotti
bilen tanyşlygyňmy ýa-da onuň kakasy bilen tanyşlygyň — meni özüne
şeýle güýçli çekenini aýtmak kyndyr. Men Dottiniň öz kakasyny şeýle
gowy görýändigine düşünip başladym. Ol üýtgeşik zady bilen tapawutlanmaýan adaty adamdy, Dottiniň ony näme üçin şeýle gowy görýändigi
we hormat goýýandygy açyk görnüp durdy. Söýýän ýanýoldaş we ata
bolmaklygyň nämedigini ilki başda men ondan öwrendim. Men çagalarynyň özüne söýgi we hormat bilen garaýan, ynanýan, şeýle gowy
terbiýelenen, çagalary bilen gatnaşyklaryndan we dostlukdan lezzet
alýan adamy gördüm.
Köp ýyllaryň dowamynda bu adamlaryň görkezen göreldeleri, meniň
isleýşimdäki ýaly atanyň nusgasy bolup hyzmat etdi. Olar maňa bütin
ömrüme mätäç bolan we öz maşgalamda görkezmek islän atalyk
häsiýetlerimi görkezdiler. Bu adamlardan alan kömegimiň bahasy ýokdur.
Şeýle-de bolsa, men öz islegimdäki ýaly ata bolmak üçin, has gowy
göreldäniň we ýoluň bardygyny birnäçe ýyllar geçenden soň bildim.
IŇ GOWY ATA
Bu kitabyň birinji babynda ýatlanylyp geçilen dostum we şu kitaby
meniň bilen bile ýazan awtor Norm Ueýkfild, maňa öz roluma we hakyky
ata bolmakdaky çeşmä, akylly-başly, has düşünjeli çemeleşmäge kömek
eden adamlaryň biridir. Normuň çagalygy we ýetginjekligi meniňkiden
tapawutlanýan bolsa-da, ol atalygyň nusgasyny gözlemäge degişli
pikirlerimiň bölekleri bilen ylalaşýardy. Norm muny aşakdaky ýaly
düşündirýär:
Öz kakam bilen ýyly we dostlukly aragatnaşyklary ýola goýmaklyk,
maňa, diňe kämillik ýaşyna ýetenimden soň başartdy.
18
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Kakamyň işi hemişe dartgynlydy we şowsuzdy. Ol çagalary bilen
gatnaşyklarda kynçylyk çekýärdi. Bize-de onuň bilen ysnyşmak kyn
düşýärdi.
On iki ýaşymda Isa Mesihe iman edişim ýadyma düşýär.
Men maşgalamyzdaky ilkinji mesihi bolupdym. Gökdäki Atamyň
özüme bolan söýgüsiniň keşbini pikirimde döredip başladygymça,
bu gatnaşyklary, ýerdäki atam bilen aramyzdaky bolýan özara
gatnaşyklaryň görnüşinde göz öňüne getirmekden saklanyp bilmedim.
Kakamyň hemişe menden hoşal däl ýaly bolup görnendigi üçin,
Reb hem maňa şeýle etjek ýaly bolup durýardy. Men Rebbiň:
„Norm, sen näme üçin oňaraňok? Men näme üçin seniň bolşuňa
çydamalymyşym? Hany bol, bolmasa...“ diýýänini eşiden ýaly
bolýardym.
Rebbiň söýgüsine düýbünden nädogry düşünýändigi babatda
aýtmanda-da, şeýle pikirleriň, ýetginjegiň özüne baha berşine edýän
täsirini göz öňüne getirip görsediňiz! Çagalar köplenç, Hudaý hem
özlerine edil öz kakalarynyň edişi ýaly edýär diýip, hasaplaýarlar.
Eger kaka söýýän, mylaýym we çagasynyň aladasyny edýän
bolsa, çaganyň düşünjesinde, Hudaý hem söýýän, mylaýym we öz
aladasyny edýän Hudaý ýaly bolýar. Eger, ata uzaklaşan, sowuk
we „has wajybrak zatlar“ bilen gümra bolsa, elbetde, çagalar hem
Hudaý, elýetmez şahsyýet hökmünde özleri bilen gyzyklanmaýan
ýaly duýarlar.
Bäşinji onluga aýak basýançam, Hudaý durmuşyma Özi bilen
özara gatnaşyklarymy üýtgedýän käbir ýagdaýlary salýança, men
Rebbiň şol nädogry keşbini göterip ýaşadym. Men, özüm üçin, Onuň
näderejede söýýän, aladamy edýän we meniň bilen çyn ýürekden
gyzyklanýan Rebdigini açdym. Iň esasy zat, ahyrsoňunda şol
ýagdaýlaryň kömegi bilen kakam bilen gatnaşyklarymyň arasyndaky
diwar ýykyldy-da, ozal hiç haçan bolmadyk ýakynlygymyzda
bolmak bize başartdy.
Hudaýyň tebigaty babatdaky täze açyşymdan soň, men elime
galam alyp, her bir „Reb“ diýen sözi belläp, Zebury okap çykdym.
Şol aýatlary okadygymça, her bir aýdylan sözüň hemmesiniň
diýen ýaly ýa-ha göni, ýa-da göni däl manyda biziň Rebbimiziň
suratlandyrylmasyna degişlidigine düşünip ugradym. Tizara, meniň
ýan depderçämde şol suratlandyrylmalar bilen doldurylan birnäçe
sahypalar peýda boldy. Şolarda, biziň hemmämizden „iň gowy“ ata
Bolanyň keşbi, açyk-aýdyň görnüp durdy. Meniň gelen netijämmi?
Ata bilen özara gatnaşyk
19
Biziň Rebbimize mahsus bolan esasy atalyk häsiýetleri, Onuň
häzirki zaman mesihi atalarynda görmek isleýän häsiýetlerimdir.
Men, atalyk teologiýasyny nusga rolunda bolan, Rebbiň Özünde
açdym.
Hudaý nusgalyk Ata bolup durýar! Özümiň atalyk nusgasyny
gözleme işimde, maňa iki sany has gowy göreldäni tapmak miýesser
etdi. Meniň iň ajaýyp, asyl nusga, netijeli atalygyň ülňüsi bolan Rebbiň
Özüne üns bermändigimi Norm maňa görkezdi. Meniň islegimdäki atanyň
— belki, sadaja, ýöne aýdyň – keşbi, aslyýetinde hemme ýagşy zatlaryň
çeşmesi bolan meniň Gökdäki Atamyň keşbi bolupdy (Ýakup 1:17). Ol
„hemme zat Ondan“ Bolandyr. Ol ýaşaýyş demini ilkinji adama üfledi, soň
Adam „Hudaýň ilkinji ogly“ boldy (Luka 3:37). Şol pursatdan başlabam,
biziň her birimiz „öz Atamyz, özümizi ýaradan Ýaradyjymyzyň“ (Kanun
taglymaty 32:6) keşbinde ýaradyldyk. Edil şol „Birinji Günden“ başlap
Reb biziň her birimiz bilen gatnaşyklary Ata-perzent görnüşinde gurmak
bilen çäklenmän, eýsem, hakyky atalygyň nähili bolmalydygynyň
nusgasyny-da görkezdi. Ol Özüne „Abba“ diýip ýüzlenmäge çagyrýan
mylaýym atadyr. Gadymy arameý dilindäki „Abba“ sözi „Kaka“, „Däde“
sözleri bilen manydaşdyr (Rimliler 8:15, Galatýalylar 4:6). Ol diňleýän,
Özüne „Gökdäki Atamyz“ (Matta 6:9) hökmünde merdem ýüzlenmäge
rugsat berýän Atadyr. Ol Özüniň atalyk söýgüsini, Ogly Isa Mesih
suwda çokundyrylanda gök gürlemesine kybapdaş sesi bilen: „Bu Meniň
söýgüli Oglum. Men Ondan köp razydyryn“ (Matta 3:17) diýip, arkaýyn
we ynamly görkezip bilýän, söýýän Atadyr. Ol hemmeleriň Atasydyr
(Efesliler 4:6) we atalygyň kesgitlemesiniň özüdir, ähli ýagşylygyň, päk
ahlaklylygyň hem-de öýkünmäge mynasyp bolan zatlaryň çeşmesidir.
Şonuň üçin, eger adam gowy, hakyky ata bolmak isleýän bolsa, onda
ülňi we nusga gözleginde Ata Hudaýa ýüzlenmelidir. Meniň mätäçlik
bilen gözläp, öz kakamda tapmadyk häsiýetlerim, Hudaýa mahsusdyr.
Dik Deýdäki we Dottiniň kakasyndaky meni haýran galdyran häsiýetler,
meniň üçin özüne çekijiidi. Sebäbi, olar meniň Gökdäki Atamyň häsiýetlerini şöhlelendirýärdi. Meniň öz çagalarym babatda görkezmek islän
häsiýetlerim, Gökdäki Atamyň tebigatyny şöhlelendirýän häsiýetlerdir.
Bu düşünje meni üýtgetdi we maňa güýç berdi. Men özümi ýerdäki
atamyň göreldesi bilen zaýalanan duýmagymy bes etdim. (Edil öňkim
ýaly gatnaşýan adamlarymdan köp gowy zatlary aljagymy bilsem-de,
ýeten sepgitlerimden köp zady öwrenip bilsem-de) indi maňa öýkünmek
üçin nusga gözlemek gerek däldi. Gowy atanyň ýa-da özümiň nähili ata
bolmalydygymyň, aýdyň keşbini döretjek bolma synanyşyklary bilen
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
20
ezýet çekmegimi bes etdim. Meniň atalyga degişli bar küýüm we
pikirlerim iň gowy Atada, Hudaýda beýan edilýändir.
ATA ÜÇIN ÇEŞME
Bu düşünjäniň köp zady özgerdendigine seretmezden, men entek köp
zady öwrenmelidim.
Men edil açyşlardan doly, gyzykly syýahata ugraýan ýaly boldum,
sebäbi, Ata Hudaýyň häsiýetlerine mümkin boldugyça gowy düşünme
kararyna gelipdim. Bu diňe bir Oňa akyl ýetirişimi çuňlaşdyrman, eýsem
öz çagalaryma gowy ata bolmakda maňa kömek etjekdi hem-de wajyp
bolan zatlaryň hemmesini öwretjekdi. Hudaý bilen gatnaşygym güýçlendigiçe, çagalarym bilenem gatnaşygym berkedi-de, özara gatnaşyklarymyzyň we hereketlerimiziň netijeleri gowulaşdy.
Bu, ikitaraplaýyn atalyk baglanyşygynyň açary, Ata Hudaýyň diňe bir
täsirli atalygyň deňeşdiripbolmajak nusgasy däldigine düşünmekdir. Ol
şeýle hem, siziň öz islegiňizdäki ýaly ata bolup bilmegiňiz üçin,
egsilmeýän çeşmedir. Atalyk aragatnaşygy bu düýbünden meňzejek
bolma ýa-da öýkünme däl-de, birlikdir. Bu „nähili“ bilimini aňlatmaýarda, „Kim“ bilimini aňladýar! Atalyk arabaglanyşygy atalygyň täze
düzgünler ýygyndysy däldir. Biziň gündeligimiziň üstüni täze setirler
bilen doldurýan (muny şu günem etmek zerurdyr) sansyz-sajaksyz
kitaplar bar. Olarda, eger siz mynasyp ata bolsaňyz näme etmelidigi,
näme goýmalydygy barada aýdylýar. Atalyk arabaglanyşygy — bu,
atalyk roluňyzyň özüňizi, çagalaryňyzy, maşgalaňyzy we geljegiňizi
üýtgedip bilýän gatnaşyklardyr.
Dört çagam bilen aragatnaşygym berkedigiçe, men olaryň deňduşlarynyň döredýän dartgynlylygyna garşy durma ukybynyň ýokarlanýandygyny, paýhasly kararlary kabul edýändiklerini, kakalarynyň
islegine hormat bilen garaýandyklaryny we onuň düzgünlerine boýun
egýändiklerini gördüm. Kakasy bilen berk we ýakyn gatnaşyklar, çagalarda diňe bir sagdyn, bagtly we päk durmuşda ýaşamaga isleg döretmän,
eýsem şol gatnaşyklar olara-da şeýle etme ukybyny berýär. Çagalaryň
ene-atalary bilen gatnaşyklaryndan syzylyp çykýan ynam, goraglylyk we
lezzet, olara mekdepde ýa-da deň-duşlarynyň arasynda bolanda gabat
gelýän meýillere garşy durmaga güýç berýär.
Edil şuňa meňzeş ýokary derejedäki zatlar, Ata Hudaý bilen meniň
gatnaşyklarymda hem bolup geçýär. Onuň bilen gatnaşyklarym güýçli
we berk bolan ýagdaýynda, men diňe bir gowy ata bolmak islemek bilen
çäklenmän, eýsem Mukaddes Ruh arkaly, Onuň özüm bilen we özümde
Ata bilen özara gatnaşyk
21
bolmasy arkaly, munuň üçin goldaw alýaryn. Şeýlelikde, Ol ata
hökmünde-de, meniň üçin diňe bir esasy nusga bolman, meniň çeşmäm
bolup hyzmat edýär. Eger Mezmur 28:7-ni başgaça aýtsak, onda ol şeýle
bolardy: „Reb Ata hökmünde meniň galkanymdyr. Ýüregim Oňa bil
baglady, Ondan kömek tapdym“.
ÖZARA GATNAŞYKLARY DÖRETME
Meniň dostum mekdep padiostansiýasynda disk-jokeý bolup işlände,
başyndan geçen bir zady gürrüň berdi. Bu radiostansiýa bütin tomus
işleýän eken. Bob ertir irden 7.30-da (sekiz ýa-da on mil giňişligi tutup,
radiony işleder ýaly, radiosignaly ýakyndaky wyşka geçirýän kommersiýa radiostansiýanyň bir bölegi bolan tagaşyksyz bina gelip), geçirijileri
işletmeli eken. Birnäçe minut geçenden soň, geçiriji doly iş ýagdaýyna
gelip, Bob hem dört sagatlyk programma bilen efire çykýan eken.
Şol gün ertirine, Bob özüni adatdakysyndan paýhasly duýdy. Onuň
saýlan mukamlaryny ruhlandyryjy diýip atlandyrsa-da bolýardy. Onuň
„timarlamalary“, ýagny bir aýdymyň soňuny ikinji aýdymyň başy bilen
utgaşdyryşy, sungatyň ajaýyp eseri ýalydy. Aýdymlaryň arasyndaky
onuň ýaňramalary şowly degişmeler we akylly duýduryşlar kimin şöhle
saçdy. Ol özüni ynamdar, hatda birneme batyrgaý hem duýdy. Şeýle
ýagdaý, ol geçirijidäki enjamlaryň her sagatdaky görkezijisini barlamak
üçin tablisany alýança dowam etdi.
Geçiriji işlemeýän eken. Bob enjamalara pitikläbem, geçirijä gelýän
we ondan çykýan simjagazlary çekişdiribem görýär. Soň ol diwara äň
edýär.
Ullakan elektrik wilkasy rozetka çatylman eken. Haýsydyr bir
düşnüksiz ýagdaý bilen wilka ýerinden çykypdyr. Şeýdip bütin ertiriň
dowamynda işlemän durupdyr! Bobyň ajaýyp we ýiti paýhasly çykyşy bir
adamdan — onuň özünden — ybarat bolan giňişlige ýetipdir. Geçiriji
energiýa çeşmesine birikdirilmedik eken ahyryn.
Indiki baplarda — her bir mesihi üçin güýç çeşmesi bolan — Ata
Hudaýyň on häsiýetine serediler. Şol häsiýetler Onuň Öz çagalary bilen
özara gatnaşyklaryny häsiýetlendirýär we islendik atanyň roly hem-de
wezipesi üçin nusga bolup durýar. Her bir bap, diňe bir Atanyň belli bir
häsiýetini açman, eýsem, şol häsiýetleri Mukaddes Ruhuň kömegi bilen öz
durmuşyňyzda we maşgalaňyzda ulanmaga, kämilleşdirmäge kömek eder.
Geliň, öz çagalarymyza gatnaşygymyzyň nusgasy hökmünde Gökdäki
Atamyzyň häsiýetini alma kararyna bilelikde geleliň. Gelen kararyňyz,
ynan edilýän wagtyňyzy we güýjüňizi sarp edeniňize degýändigine men
22
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
çynym bilen ynanýaryn, sebäbi siz, çagalaryňyza diňe bir Hudaýyňyzyň
ajaýyp Atalyk göreldesini görkezmeýärsiňiz; siz, olar üçin çagalarynyň
söýgüsine, hormatyna mynasyp bolan ata bolýarsyňyz. Siz çagalary
özüne ynanýan, öz çagalary bilen gatnaşyklardan çyn lezzet alýan, olara
guwanýan, olar bilen dostlukdan şatlyk tapýan adam bolarsyňyz.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Nähili ata bolmak isleýändigiňizi kesgitlemek üçin birneme wagt sarp
ediň. Her bir kesgitlemäni öz umytlaryňyzyň we maksatlaryňyzyň
jemleýji keşbi emele gelýänçä, näçe gerek bolsa, şonça-da soňlaň (eger
gerek bolsa, aýratyn bir kagyz ulanyň):
Men ................................................................ ata bolmak isleýärin
Men ................................................................ ata bolmak isleýärin
Men ................................................................ ata bolmak isleýärin
Men ................................................................ ata bolmak isleýärin
Men ................................................................ ata bolmak isleýärin
Men ................................................................ ata bolmak isleýärin
Men ................................................................ ata bolmak isleýärin
2. Kim siziň üçin atalygyň iň oňat nusgasy bolup durýar? Olaryň
hemmesini aýratyn kagyzda belläň-de, olaryň özüňize nähili görelde
görkezendigini adynyň deňinde belläň.
3*. Siz Gökdäki Ataňyz bilen özara gatnaşyklaryňyzy nädip gowulaşdyrjak?
Öz pikiriňizçe dogry bolan zady belläň:
 Yzygiderli doga etmäge we Mukaddes Kitaby okamaga başlamaly.
 Yzygiderli doga etme we Mukaddes Kitaby okama endigini
täzelemeli.
 Yzygiderli doga etmegi we Mukaddes Kitaby okamagy dowam
etmeli.
 Atany we dostlugy hormatlak üçin, Ony söýýän beýleki
adamlaryň bilen yzygiderli duşuşmaly.
 Dogä edýän topara, Mukaddes Kitaby öwrenýän topara ýa-da
jogapkärçilik çekýän topara goşulmaly.
4. Eger siz, entek şeýle etmedik bolsaňyz, onda siziň bilen topar
döretmäge razylaşýan
..............................................
iki ýa-da üç atany saýlaň. Şu kitaby öwreniň,
soraglaryna bilelikde serediň, biri-biriňiz üçin doga ediň we mesihilik
atalygynyň iň beýik basgançaklaryna tarap öňe süýşüp, biri-biriňizi
goldaň.
ŞEKSIZ ATA SÖÝGÜSI
WE MYLAÝYMLYGY
3
Birnäçe ýyl mundan ozal, men Arizona ştatynyň Feniks şäherindäki
mekdep assambleýasynda çykyş etmäge razylyk bildirdim. Iş tertibindäki
we duşuşygyň geçirilmeli ýeri babatdaky birnäçe kynçylyklar sebäpli,
men duşuşygy ähli okuwçylar bilen bir gezekde geçirmeli boldum. Olar
bir jaýa ýerleşmejek, diýseň uly märeke bolup durdular. Şonuň üçin
ýygnak açyk howada geçirildi. Menem, göni mekdep howlusyndaky
otuň üstünde oturan, takmynan müň adamdan ybarat bolan märekäniň
öňünde daşyň üstünde durdum.
Gürlemäge başlan badyma, meniň ýanyma saçlary her dürli reňklere
boýalan, eşiklerinde birgiden zynjyrlary bolan garagollaryň bir topary
gelip, menden takmyndan sekiz metr aralykda durdy. Käbir mugallymlar
we okuwçylar olaryň bir ýakymsyzlyk ederine garaşyp, bu reňkli topary
ünsli synlaýardylar. Ýöne men gürlemämi dowam etdirdim-de, çykyşymy
gowy gutardym.
Men daşyň üstünden düşen badyma garagollar toparynyň ýolbaşçysy
ylgap geldi-de, has golaýymda durdy. Märekäniň içinden aladaly sesler
eşidildi. Müň jübüt göz bolsa, maňa we şol ýigidekçä nazaryny dikdi.
Märekäniň içindäki köp okuwçylar bu garagolyň ýüzünden akan göz
ýaşlary görüp bilmedi, meniň özüni gujaklamalydygym baradaky
haýyşyny hiç kim eşitmedi. Bu ýaş ýigidiň ýanyna baryp, ony gujaklan
wagtym, geň galma tolkuny märekäniň içine at saldy. Ýigit bolsa, meniň
egnime kellesini goýup aglady. Gujaklama pursady bir minut dagy
dowam etdi, bu bolsa garagol üçin uzaga çeken gujaklama boldy!
Ahyrsoňunda, ol menden aýryldy-da, gözýaşlara boglup: „Kakam meni
hiç haçanam gujaklamandy, söýýändigini-de aýtmandy“ diýdi.
Bu ýaş ýigit ata söýgüsine teşnedi, şony küýsäbem aglaýardy. Ol diňe
öz kakasynyň berip biljek söýgüsini we mylaýymlygyny duýmak isleýärdi.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
26
Onuň göze ilginç görnüşi bilen özüni gödek alyp barmasy bolsa, baryýogy — öz kakasyndan alyp bilmedik — ünsi özüne çekmegiň usulydy.
ÇAGA ÜÇIN IŇ ZERUR ZAT
Men şunuň ýaly wakalar barada ýüzlerçe gezek, belki-de, müňlerçe
gezek eşitdim ýa-da özüm olaryň şaýady boldum. Men kakalary öz
söýgüsini görkezmek islemeýän ýa-da çagalaryna söýgüsini, mährini
beýan etmäge ukypsyz bolan ýaş ýigitleriň agyrysyny we göwnüçökgünligini gördüm.
Bir gezek men Wirginiýa ştatynyň fermasynda geçirilýän aýdym-saz
festiwalynda okuw konferensiýasynda ýetginjekleriň köp sanlysyna
ýüzlendim. Bir gün ertir jynsy gatnaşyklara diňe nikalaşandan soň
başlamagyň wajyplygy we gymmaty baradaky gürrüňi düşündirenimde,
men, takmynan on iki müňden ybarat bolan ýetginjekler toparyna,
olaryň her biriniň aýratyndygyny aýtdym, olaryň her biriniň ölçäp
bolmajak gymmatlykdygyny ýatdan çykarmazlygy maslahat berdim.
Eger kim şol gymmatlyklary çyny bilen söýýän bolsa, onda nika çenli
jynsy gatnaşyga başlaman olary ykrar eder we olara hormat goýar.
Şol gün, biraz soňurak on iki ýaşlaryndaky yzyma düşüp ýören
agymtyl sary saçly ýaşajyk gyza üns berdim. Men saklandym-da: „Sen
meniň bilen gürleşmek isleýäňmi?“ diýip soradym.
Ol utanjaňlyk bilen jogap berip: „Siz dogrudanam men aýratyndyryn
öýdýäňizmi?“ diýip sorady. Men derrew: „Hawa! Hudaý seni aýratyn
edip ýaratdy, şuny hiç haçan ýadyňdan çykarma“ diýdim. Soň bolsa,
men seresaplyk we mylaýymlyk bilen ony atasy hökmünde egninden
gujakladym. Gyzjagaz birden aglap goýberdi.
„Meniň bu pursada nähili köp garaşandygymy siz hatda göz öňünede getirip bilýän dälsiňiz. Meniň ejem bilen kakam bäş ýyl mundan ozal
aýrylyşdylar. Kakam meni hiç haçanam gujaklamandy we meniň
aýratyndygymy aýtmandy“ diýip, ol gürrüň berdi.
Bäş gün geçenden soň, ugramakçy bolup aeroporta baramda, garawul
maňa bir hat getirip berdi-de, ony bir gyzjagazyň berendigini aýtdy.
Gelşiklije eplenen bu hatda bary-ýogy flamaster bilen ýazylan ýedi söz
bardy:
Maňabolansoýgiňizüçinsagboluň...Korin
Bu gyzjagaz diňe atanyň berip biljek söýgüsine we mährine teşnedi,
ol beýle zatlary hiç haçan görmändir.
Bu mesele babatda Koriniň ýeke däldigi barada oýlanamda, ýüregimiň
Şeksiz ata söýgüsi we mylaýymlygy
27
nähili gyýylandygyny beýan edip biljek däl. Ýetginjekleriň sanýetmez
mukdardakysy maňa şeýle diýdiler: „Kakam meni gowy görýändigini hiç
haçanam bildirmeýär“ ýa-da „Kakam maňa diňe bir erbetlik edenimde
üns berýär“.
Atalaryň öz ogullaryny ýa-da gyzlaryny „samsyk“, „kemakyl“ ýa-da
ondan-da beterräk bir zat diýip atlandyrýandygyny men eşitdim.
Men öz çagalaryna beýsbol ýa-da basketbol meýdançalarynda gahar
bilen ýa-da üstünden gülüp gygyrýan atalary gördüm.
Men öz ogullaryna hiç haçan lak atmaýan, bütin günortanlyk naharynyň dowamynda, olary umumy gürrüňe goşmaýan atasy bolan
maşgalalarda, günortanlyk naharyny edinip gördüm.
Öz gyzlaryny, olaryň egin-eşigini ýa-da duşuşýan oglanlaryny tankyt
etmekden başga wagtda düýbünden üns bermeýän atalary-da bilýärin.
Hatda, eger çagalary ýakynynda bolup, özi baradaky gürrüňi
eşidäýmegi mümkin bolsa-da, keseki adamlara olaryň ýetmezçilikleri we
günäleri barada gaty ses bilen gürrüň berýän atalary-da synlap gördüm.
Çyn ýürekden gynansam-da, men şunuň ýaly atalaryň öz hereketleri
ýa-da tersine hereketsizligi bilen çagalarynda döredýän duýgy boşlugyny
gördüm. Çagalar — ýaşyna seretmezden — özleriniň ähmiýetliliginiň
tassyklanylmagyna, söýgi duýgusyna we ykrar edilmegine mätäçdir. Bu
düýbünden kadaly we sagdyn mätäçlikler, ilkinji nobatda, öýde-ene-ata
tarapyndan kanagatlandyrylmalydyr diýip, Reb pikir edýär. Eger eneatanyň ikisem bu söýgi we ykrar etme teşneligi gandyrmasa, onda çaga
duýgy boşlugyny kimdir biri ýa-da nämedir bir zat bilen doldurmaga
çalyşýar. Bu ýoluň bolsa, çaganyň şahsyýetini weýran edip, oňa çynlakaý
zeper ýetirmegi mümkindir. Öz çagasyna söýgüsini we mährini
bildirmeýän ata, oňa bitarap täsir etmän, gaýtam erbet edýär.
Elbetde, men şunuň ýaly ata bolmak islemeýärin. Men çagalary
özlerini söýülýän, gerekli duýýan, çagalary goragly, başgalary-da
söýmäge we hormatlamaga ukyply bolup, özlerine ynamly ösýän ýigitler
bolýan ata bolasym gelýär.
Men özümiň Atam ýaly ata bolasym gelýär.
BAŞKY, ÇÄKSIZ WE BAKY SÖÝGI
Men özleriniň entek mesihi bolmazyndan öň, Rebbiň söýendigine
düşünmeýän ýaşu-garry köp adamlar bilen gürrüňdeş bolup gördüm. Biz
entek garaňkylykda azaşyp ýörkägem, entek Özüniň duşmanykagam,
Hudaý bizi söýýärdi we biziň üçin gurban boldy (Efesliler 5:8, Rimliler
5:8). Ol bizi ilki başda derrew söýdi (1 Ýahýa 4:19). Ol biziň
28
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
„arassalanarymyza“ seredip oturmady; Ol biziň Öz garaşýan zatlaryna
jogap berip başlarymyza garaşyp oturmady; Ol „bize guwanyp“ biljek
pursatyna garaşyp oturmady. Ol bizi ýöne bir söýdi.
Ýöne bu, entek hemmesi däl. Ol Özüniň bize bolan söýgüsini beýan
etdi. Ol öz çagasyny gujaklamagy ýa-da oňa: „Men seni söýýän“ diýmegi
kyn görýän atalara degişli däldir. Ol mydama „has wajybyrak işi“ bolan
atalara degişli däldir. Ol bizi söýýär (Rimliler 8:32). Ol bize Öz söýgüsini
Sözüň üsti bilen beýan etdi (Ýahýa 1:14); Ol bize bolan soýgüsini haç
üstünde subut etdi; Ol bize Öz söýgüsi barada gany bilen ýazdy.
Atamyz bizi diňe bir başlangyçda söýmän, eýsem, baky söýýär (Ýeremiýa 31:3). Atamyzyň bize bolan söýgüsi doludyr, hemişelikdir, çäksizdir.
Biz oňa mynasyp däldiris. Biz ondan gaçyp gutulyp hem bilmeýäris. Biz
ony ýok edip hem bilmeýäris. Özüne boýun egmedik wagtymyz Ol lapykeç bolup biler, Özüni taşlap gidenimizde gaýgylanyp biler ýa-da günä
edenimizde gynanyp biler, ýöne hiç haçan, hiç haçan, hiç haçan bizi
söýmesini bes edip bilmez. Atamyzyň bize bolan söýgüsi şeýle bir çäksiz
welin:
...neölümiň,nedeýaşaýşyň,neperişdeleriň,nehökümdarlaryň,
...neölümiň,nedeýaşaýşyň,neperişdeleriň,nehökümdarlaryň,
nedegudratlaryň,neşuwagtyň,nedegeljegiň,nebelentligiň,
nedeçuňlugyň,nedebaşgamahlugyňRebbimizMesihIsada
bolan Hudaý söýgüsinden bizi aýyrmagy başarmajakdygyna
ynanýaryn (Rimliler 8:38-39).
Men, ine, şunuň ýaly ata bolmak isleýärin! Men, çagalarymyň
özlerini söýýändigimi we kabul edýändigimi bilmeklerini isleýärin. Olar
meni söýüp ýetişmezinden özal hem özlerini söýendigimi çagalarymyň
bilmeklerini isleýärin. Meniň bilen olaryň özara gatnaşyklarynyň entek
emzikleriň sanyndan, öňlüklerden we arlyklardan ybarat bolan wagtyndada bireýýäm söýendigimi bilmeklerini isleýärin. Özlerine bolan söýgimiň
çäksizdigini, onuň olaryň eden zatlaryna bagly bolman, eýsem kimdiklerine
baglydygyny bilmeklerini isleýärin.
Ýene-de, meniň özlerine bolan söýgimiň birinji derejelidigini çagalarymyň bilmegini isleýärin. Meniň üçin işim olardan ähmiýetli däldir.
Güýmenjelerim olardan wajyp däldir. Dostlarym meniň üçin çagalarymdan-da zerur däldir. Meniň ýygnakdaky ýa-da jemgyýetdäki derejäm,
çagalarymdan zerur däldir. Meniň olara bolan söýgim birinji ýerde
durýar.
Iň soňunda, özlerine bolan söýgimiň bakydygyny çagalaryma düşündirmek isleýärin. Nähili ýagdaý bolanda-da, özlerini kabul edýändigimi
Şeksiz ata söýgüsi we mylaýymlygy
29
we söýýändigimi olaryň bilmegini isleýärin. Olara meniň söýgimi
gazanjak bolup azara galmak hökman däl. Olar meniň söýgimden gaçyp
gutulyp bilmeýärler, ony ýok edip hem bilmeýärler.
Men şunuň ýaly ata bolmak isleýärin. Ýöne atalygyň munuň ýaly
görnüşi, elbetde, köp adamlarda öz-özünden emele gelmeýär, mende-hä
beýleki islendik adamyňkydan az derejede şeýle bolmagy mümkin. Bu
meniň entek ýene öwrenmeli zadymdyr.
ÇÄKSIZ SÖÝGI WE MÄHIRLILIK DÖRETMEK
Islendik ata üçin, çäksiz söýgini we mähri öwrenmekden başga hiçbir
wajyp iş ýokdur. Görýäňizmi, eger çagaňyz siziň çäksiz söýgiňizi we
mähriňizi duýmasa, onda ol özüni goragly duýmaz. Goragsyz çaga,
seýrek ýagdaýda kiçigöwünli bolmak isleýär. Goragsyz çaga açyk bolmaz.
Ol mekdepde näme bolýandygyny açyk aýtmaz. Gyzlar bolsa, duşuşykda
öz ýigdiniň özüni nähili alyp baranyny aýtmaz. Çagalaryňyza özüňiziň
çäksiz mähriňizi näçe köp görkezseňiz, olarda şonça-da siziň bilen gürleşmäge, açyk bolmaga, siziň bilen öz pikirini, aladasyny we howsalasyny
paýlaşmaga isleg dörär.
Elbetde, çäksiz mähirlilik ýeňil zat däldir. Eger dogrusyny aýtsak, ol
ýüz göterimli bolup bilmez. Diňe Hudaý adamy dolulygyna kabul Edýän
bolup biler. Günäli bolandygymyz üçin çagalarymyzy mähir bilen doly
gurşap alma ukybymyzda çäklidiris. Ýöne bu ejizliklerimizi, biziň kellämize-de gelmedik mukdarda hil berýän, Mukaddes Ruhuň kömegi bilen
aýyryp bolar.
Biz muny nädip başarmaly? Çagalarymyza öz Atamyzyň bize aýan
edýän söýgüsine meňzeş çäksiz söýgimizi we mährimizi nädip düşündirmeli? Muny, elbetde, çyn ýürekden çykýan doga we Rebbe hemişe bil
baglamakdan başlamak gerek. Eger biz Hudaý bilen Mukaddes Ruh
arkaly baglanyşykly bolsak, onda çäksiz söýgini we mähri düzýän ýedi
sany wajyp bolan bölegi, düşünjeli we maksatlylyk bilen berjaý edip,
çagalarymyzyň mätäçliklerini ýuwaş-ýuwaş kanagatlandyryp bileris.
GOWY GÖRÝÄNDIGIŇI BEÝAN ETMEKLIK
Çäksiz söýgüde çaganyň mätäçliklerini kanagatlandyrmagyň esasy
ýollarynyň biri-de, gowy görýändigiňi bildirmekdir. Ýönekeýje gujaklamada ýa-da ogşamada, birnäçe mylaýym sözde ýa-da söýgi bilen seretmede adaty bolmadyk güýç bardyr. Den Benson özüniň (The Total Man)
atly kitabynda çagalygynyň şeýle pursatlaryny ýatlaýar:
30
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Entek kiçijikkäm, aşhanamyzda tiz-tizden bolup geçen maşgala
gujaklaşmalaryny hiç haçanam ýatdan çykarmaryn. Ýaňja ýöremäni öwrenen men, zordan ýöräp gelip, aşhananyň gapysyndan
seredenimde, kakamyň ejemi gujaklaýandygyny görýärdim (bu
biziň maşgalamyzda hemişe bolýan zatdy). Bu mende ýakymly
duýgulary döredýärdi. Olar şeýle ajaýypdylar welin meniňem
olara goşulasym gelýärdi. Aşhananyň içinden geçip, howlugyp
ýanlaryna barýardym-da, olaryň aýagyndan gujaklaýardym. Ejem
bilen kakam, ikisi-de meni şatlyk bilen gujaklaýardylar. Eger
ýanymyzda doganlarymyzyň biri bolsa, olaram bize goşulýardy.
Şeýdip, maşgala gujaklaşmasy ýuwaş-ýuwaşdan köpelýärdi.
Ejemdir kakam öwüt-nesihatlary bilen däl-de, öz göreldeleri bilen
öýümizi ýyly we söýgi höküm sürýän ojak edýärdiler. Öýde söýgi
we şatlyk atmosferasyny saklamakda kakam hemişe birinjidi.1
Gowy görýändigiňi bildirmegiň dürli usullary, elbetde, gönüden-göni
çäksiz söýginiň özi däldir. Öz çagalaryny gujaklap ogşaýan käbir eneatalar olary çäksiz söýgi bilen söýmeýärler. Ýöne atanyň gujaklamasy
we ogşamasy öz çagalaryna: „Men sizi nählil bolsaňyz şol durşuňyza-da
kabul edýärin we söýýärin“ diýmäge oňa kömek edýär.
HER BIR ÇAGANYŇ AÝRATYNLYGYNA BOLAN BUÝSANÇ
Hudaý biziň her birimizi diýseň aýratyn edip ýaratdy. Pikir edip görüň:
planetamyzyň üstünde ýaşaýan bäş milliard adamyň içinde size gaty
meňzeş ýekeje-de adam ýok. Siziň ogluňyz ýa-da gyzyňyz bilen bir
almany iki bölen ýaly bolup duran ýekeje-de adam ýokdur. Meniň ikinji
bapda agzap geçen adamym bolan Dottiniň kakasy, öz çagalarynyň her
biriniň aýratynlygyny örän ýönekeýlik bilen belleýär. Ol Dottä: „Sen
meniň iň söýgüli, iň uly gyzym!“ diýýärdi. Soň ol Dottiniň kiçi uýasyna
ýüzlenip: „Sen meniň iň söýgüli kiçi gyzym“ diýýärdi. Dottiniň inisine
bolsa: „Sen meniň iň söýgüli oglum“ diýýärdi. Munuň örän ýönekeý,
hatda ýeňlesräk görünýän bolaýmagam mümkindir. Ýöne, şeýle-de bolsa,
bu, atalaryň öz çagalarynyň aýratynlygyny bellemekde ulanýan şowly
usullarynyň biridir.
Kakasynyň çagasyna: „Sen näme üçin öz doganyň ýaly bolup bileňok?“ ýa-da „Matematika dersi boýunça uýaňda hiç haçan kynçylyk
bolmandy!“ diýenini eşitmeklik — duranja betbagtlyk ahyryn. Gaganyň,
diňe özüne mahsus bolan häsiýetli, zehinli we ukyply şahsyýetdigini
bellemek bilen, her bir çaganyň aýratynlygyna buýsanmak has gowurak-
Şeksiz ata söýgüsi we mylaýymlygy
31
dyr. Eger öz çagaňyzy öwrenip başlasaňyz, olarda: täsir ediji gülki, dost
tapaganlyk, duýgudaşlyk, aýdymçylyk sesi, nurana ýylgyryş, haýwanlara
bolan söýgi ýaly, köp aýratynlyklarynyň bardygyny görersiňiz. Çagaňyzyň
aýratynlygyna bolan şatlygyňyzy we buýsanjyňyzy hökman bildiriň.
ÇAGANYŇ ŞAHSY ÄHMIÝETLILIGINI YKRAR ETMEK
Çagaňyza şahsy ähmiýetliligini duýmaklyk hökmandyr. Öz şahsyýetiniň
uly gymmatlyk bolup durýandygyny islendik adam duýmalydyr we oňa
ynanmalydyr.
Atalar, çaganyň şahsy gymmatyny dürli usullar bilen ykrar edip biler.
Iň wajyp ýollaryň biri-de, wagty bilelikde geçirmekdir. Wagt wajyplygy
görkezýär. Meniň eýýäm birnäçe gezek gaýtalaýşym ýaly, çagalar
„söýgi“ sözüni ene-atasynyňka garanda başgaça aýdýarlar. Olar bu söze
„wagt“ manysynda düşünýärler. Bu meniň üçin aýratyn kynçylyk bolup
durýar, sebäbi men hemme wagtyň takmyndan ýarym bölegini öýde
geçirmeýärin. Şeýle-de bolsa, men munuň öwezini dolmaga çalyşýaryn,
mümkinçilik bolanda, çagalary ýanym bilen alyp gidýärin, her gün öýe
jaň edýärin. Giden ýerimden gaýdyp gelemde bolsa, ertirlik naharyny
edinmäge çagalary kafe äkidýärin.
Bir gezek ýekşenbe güni men San-Diýego Çarjerz komandasynyň
öňünde, özleriniň kiçijik ybadathanajyklarynda, çykyş etmäge çagyryldym (San-Diýego Çarjerz — beýsbol komandasydyr). Men oglumy hem
alyp gitdim. Çykyş gutarandan soň, biz stadionyň oturgyçlarynyň birine
geçip oturdyk. Komanda bize meýdança golaý bolan birinji hatardan ýer
berdi! Elli müň adam stadiony dolduryp durdy, galmagal hem gulagyňy
gapyp barýardy.
Men Şony gujaklap: „Dostum, bu adamlaryň hemmesine bir seret“
diýdim. Şon hemmeleri, ylaýtada, özümizden ýokarda oturanlary görmek
üçin oturan ýerinden yzyna öwrüldi. On ýaşly bu oglanjygyň gözüne,
stadionyň içine bütin dünýä ýygnanan ýaly bolup görünäýdi öýdýän.
„O-ho, kaka, bu ýerde gaty köp adam bar!“ diýip, ol ýüzlendi.
„Hawa, elbetde, ýöne bilýäňmi näme? Sen meniň üçin bu adamlaryň
hemmesinden-de, has ähmiýetlisiň. Oglum, kakaň hökmünde seniň men
barada edýän pikiriň, şu ýerdäki elli müň adamyň pikirinden wajypdyr!“
Şonuň gözleri ulaldy. Ol ýene bir gezek gözüni äpet stadionuň içine
aýlady. Soň çaga buýsanjy bilen: „Kaka, dogrudanammy? Şularyň
hemmesinden-de wajypmy?“ diýip ýüzlendi. Ol özüni örän goragly we
ähmiýetli saýyp, meniň dyzyma çykyp oturdy. Şol pursatda, Şon özüniň
meniň üçin nähili ähmiýetlidigine düşündi.
32
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
ÇAGADA ÄHMIÝETLILIK WE DEGIŞLILIK DUÝGUSYNY BERKITMEK
Eger çagalarymyz öýünde özüniň gerek däldigini duýsalar, onda özlerini
kabul ediläýjek başga ýerini gözläp başlaýarlar. Olaryň käbirleri, meniň
Feniksde duşan garagolum ýaly, käwagt öz deň-duşlary bilen (käwagt
beýlekileriň arasynda diýseň tapawutlanýan) toparlary guraýarlar. Beýlekiler, içinde degişlilik duýgusy güýçli ösen köçe bandalaryna goşulýarlar.
Üçünjileri öz mätäçligini jyns gatnaşyklaryna başlamak bilen doldurmaga
çalyşýarlar. Ýokary synpyň okuwçysy Sýu, özüniň jynsy gatnaşykdaky
işjeňligini şeýle düşündirýär: „Men özümi şeýle ýalňyz duýýardym. Ejem
bilen kakam hemişe işlidiler, meniň üçin wagt tapyp bilmeýärdiler. Biz
Ted bilen tanyşanymyzda, men diýseň geň galdym. Ol meni diňleýärdi.
Ol meni gujaklap köşeşdirýärdi. Ol hakykatdanam, meniň aladamy edýän
ýaly bolup göründi“.
Öňki bapda gürrüňini eden dostum Dik Deý bilen onuň aýaly, Koreýadan bir ýetim çagany ogullyga aldylar. Oňa Timoti diýip at dakdylar.
Timmi Amerika gelenden soň, Deýewleriň öýünde ýaşamaga başlady. Ol
özüniň täze maşgalasyna we amerikan medeniýetine öwrenişýänçä az
aýlar geçmedi. Entek Timmi täze durmuşa öwrenişme synanşygyny
dowam etdirip ýörkä, Dik ondan: „Timmi, sen ýene Koreýa gaýdyp
barmak isleýäňmi?“ diýp sorapdyr.
„Ýok-la“ — diýip, Timmi jogap beripdir.
„Näme üçin?“ — diýip, Dik sorapdyr.
„Sebäbi men bu ýerde özümi gerekli duýýaryn“ diýip, Timmi aýdypdyr.
Siz öz çagaňyza degişlilik duýgusyny, olaryň maşgalaňyzyň wajyp
bölegidigi babatdaky duýgyny berip bilýärsiňiz. Şunuň ýaly ynamlar
toplumy, olara goragsyzlyk duýgusyny ýeňmäge, deň-duşlarynyň erbet
täsirlerine garşy durmaga, irki jyns gatnaşygyna başlamakdan saklanmaga güýç berýär. Siziň söýgiňiz we mähriňiz: „Sen maňa degişli, sen biziň
üçin gymmatlysyň“ diýen ýaly bolýar hem-de çagalarda şahsy gymmatyny
duýma we özüne ýokary baha berme duýgusynyň esasyny goýýar.
EDEN HEREKETLERINE GARAMAZDAN GYMMATYNY YKRAR ETMEK
Meniň oglum Şon, on iki ýaşyndaka, beýsbol komandasynyň kiçi
ligasynyň düzüminde oýnaýardy. Oýun möwsüminiň başlanmagyna bir
hepde galanda, Şona we onuň komandasyndaky ýoldaşlaryna öz mährimi
bildirmek pikiri kelläme geldi. Men ýerli restoranda doňdurma ýeter ýaly
Şeksiz ata söýgüsi we mylaýymlygy
33
bahasy bolan on iki sany kupon alyp, ony olaryň türgenleýjisine eltip
berdim.
Men: „Türgenleýiji, bu oglanlar üçin“ — diýdim.
Türgenleýiji uludan bir ýylgyryp: „Sag boluň, bu gaty gowy zat.
Köpräk atalarynyň şunuň ýaly gyzyklanma bildirmegini isleýärin. Men
olary doňdurma iýmäge özleriniň birinji ýeňşinden soň äkiderin“ — diýdi.
„Ýok türgenleýiji, olar doňdurma iýmäge ilkinji ýeňlişinden soň
gitsinler“ — diýip, men derrew aýtdym.
Ol maňa birgeňsi seretdi. Öz sözlerimiň onuň ýeňiş, ýeňliş, gowy
oýun üçin sylag babatdaky nukdaýnazary bilen deň gelmeýändigini men
gördüm. Soň men oňa düşündirdim.
„Sizde nähilidigini men bilmeýärin, ýöne menem öz çagalarymy
terbiýeleýändigim üçin, olaryň ýeten derejeleri boýunça baha bermek
islemeýärin. Şonuň üçin olaryň deňeşdirmesini, özleriniň Reb Hudaýyň
keşbinde ýaradylandygy bilen deň derejede goýmak islemeýärin. Öz
oglumyň Rebbiň keşbinde, Oňa kybapdaş edilip ýaradylandygyna men
ynanýaryn. Ol beýsbol oýny bilen hiç hili umumylygy bolmadyk,
ähmiýete, mertebä, gymmatlyga eýedir. Eger ol ömründe ýekeje oýny
oýnamasa-da, men barybir ony edil häzirkim ýaly söýerdim we oňa
hormat goýardym!“
Şonuň türgenleýijisi ep-esli wagtyň dowamynda maňa öwrenijilik
bilen seretdi. Ahyrsoňunda: „Beý-bä, bu-ýa durşuna bir roman!“ diýip,
oňa öz duýgusyny beýan etmek başartdy.
Ol beren sözünde durdy. Komanda birinji gezek utulandan soň ol
oýunçylaryň her birine bir kupondan paýlaýar we olaryň hemmesi
bilelikde doňdurma iýmäge gidýärler.
Şon şol doňdurma üçin azyndan bäş gezek minnetdarlyk bildirdi.
Mundan başga-da, soňky iki hepdäniň dowamynda onuň iki dosty bu iş
üçin maňa minnetdarlyk bildirdi. Ylaýtada: „Doňdurma üçin köp sag
boluň Jenap Makdauell. Gaty gowy. Biziň utandygymyzyň ýa-da
däldigimiziň siziň üçin ähmiýeti ýok, siz bizi barybir söýýärsiňiz“ diýen
Jessi atly oglan meniň ýadymda gowy galdy.
Munuň manysy hut şunda hem jemlenendi. Men Şona we onuň
komandasyndaky dostlaryna, nähili çykyş edişlerine garamazdan, olary
söýýändigimi, kabul edýändigimi, gadyryny bilýändigimi düşündirmek
isledim. Bu, olaryň her biriniň Rebbiň keşbinde, Oňa kybapdaş edilip
ýaradylandygyna we çäksiz gymmatlyga we ähmiýete eýedigine
esaslanýardy.
34
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
ÖZ UKYBYNA AKYL ÝETIRMEGI TERBIÝELEMEK
Öz maşgalalarynda we jemgyýetde özleriniň söýülýändigini, kabul
edilýändigini duýmak üçin, çagalara öz ukybyna ösüp barýan akyl ýetiriş
zerurdyr. Gowy işleri etmek islegi her bir çaga tebigy taýdan berlendir.
Ene-atalar hökmünde biz çagalarymyzy edýän tagallalarynda goldap,
gazanan üstünliklerine guwanyp bileris. Gynansakda, çaganyň öz
ukyplaryna aňsatlyk bilen düşünmezliginiň birnäçe sebäbi bardyr.
Ulularda çaganyň ukybyny öz ülňisi boýunça ölçeme häsiýeti bar. Biz
çagadan ulularyň ukyplary bilen deň derejedäki hereketlere, garaşyp
bilmeris. Öz gyzymdan maşyny menden gowy ýuwmaklygyna garaşmaýaryn. Oglum özüni kiçijikkä, düşegini edil meniň edişim ýaly edip
ýazyp bilýän hasaplaýardy. Men hemişe olaryň çäklendirilen mümkinçiliklerine, bilimine we düşünjesine eglişik etmeli.
Elbetde, biz çagalarymyzyň hemme zady türgenleşiksiz öwrenmegine
garaşyp bilmeris. Krowady bolmalysy ýaly düzetmek, maşyny ýuwmak
ýa-da gazony gyrkyşdyrmak üçin näme gerek? Emma käbir ene-atalar
hiç hili düşündiriş bermezden: „Sen indi öz otagyňy özbaşdak arassalar
ýaşyňa ýetdiň. Muny et! Özem bolmalysy ýaly et“ diýip, diňe görkezme
berýärler.
Haýsydyr bir ýagdaýda näme etmelidigini çagalarymyza düşündirenimizde, olaryň işiniň ugruna bolmazlygyna-da taýýar bolmalydyrys.
Eger olar şowsuzlyga uçrasalar, onda biz olary goldamaly hem-de öňde
goýlan ýumşuň doly ýerine ýetirilmegine, hatda öz kömegimiz bilen
bolsa-da, ruhlandyrmalydyrys. Eýýäm edilen iş üçin olary öwüň, hem-de
näme üçin dowam etmegiň gerekdigini delillendiriň: „Maşyn-a daşyndan
diýseň ajaýyp görünýär! Ýöne içini ýene-de birneme tertipleşdirmeli.
Salony arassalamaga saňa kömek etsem nähili görersiň?“
Maşgaladaky dürli ýagdaýlardan başga-da, ondan daşarda hem çaga
öz ukyplaryna akyl ýetirmäge kömek edýän täsirlerem bardyr. Biz
bäsdeşlik bolan jemgyýetde ýaşaýarys. Işde, mekdepde, sport zallarynda
özümizi hemişe başgalar bilen, olaryň ukyplary bilen deňeşdirýändiklerini
görýäris. Gynansak-da, hemişe bir zady bizden azajyk gowurak edýän
adam tapylaýar. Biziň köpimiz durmuşymyzyň haýsydyr bir ulgamyndaky bäsdeşlik basgançagynda has ýokarda bolýarys, şonuň üçin özümizi
has zehinliräk adam bilen deňänlerinde, biziň özümize baha berşimiz
pese gaçýar.
Çagalarymyzda şahsy ukybyna akyl ýetirmäni terbiýelemeklik
oýlanyşykly we dykgatly meýilleşdirilen ugry ynan edýän örän uzak
wagtlyk meseledir. Ol şeýle hem, olaryň ýeten has beýik derejelerine
Şeksiz ata söýgüsi we mylaýymlygy
35
derrew üns berip, şowsuzlyklaryny görkezmäge howlukman, çagalarymyzyň durmuşyna oňat görelde hökmünde gatnaşmaklygy bizdenem
ynan edýär. Biz, öz güýçleriniň we ukyplarynyň çyn gymmatyna akyl
ýetirmäge çagalarymyza kömek etmelidiris hem-de özümizi kemsidilen
saýmazdan, bar bolan çäklendirmeler bilen ylalaşmalydyrys. Atanyň:
çagalaryna öz güýjüni görkezmäge kömek edip, terbiýeläp we olaryň
ukyplaryny ösdürip, özleriniň kimdigini, nähili çäksiz ähmiýete we
gymmata eýedigini olaryň aňyna siňdirip, maşgalada oňat ýadaýy
döretmäge ajaýyp mümkinçiligi bardyr.
Munuň ýaly çagalar nika çenli jynsy gatnaşyklara başlama höwesinden daşda bolýarlar. Olar söýginiň we ysnyşyklylygyň sagdyn
bolmadyk gatnaşyklarynyň gözlegine az çykýarlar. Olar gozgalaň
turuzmazlar. Olar öz deň-duşlarynyň täsiri astyna aňsat düşmeýärler.
Başgaça edip aýtmagam bolar: munuň ýaly çagalar jynsy meselelerde
beýik ülňily bolýarlar. Olar diňe sagdyn gatnaşyklara baş goşarlar. Olar
mekdepde,ondan soň hem telekeçilikde üstünlik gazanmaga jan ederler.
Elbetde, bu zatlaryň hemmesi her bir atanyň arzuwydyr. Ýöne bu
üstünlikler öz-özünden peýda bolmaýarlar. Olar diňe adam tagallalarynyň
netijesinde ýüze çykmaýar. Olara diňe — doga etmeler we Mukaddes
Ruha bil baglama arkaly – özümizi söýýän, kabul edýän, atalara mahsus
bolan häsiýetlerimizi ýüze çykarmaga kömek edýän, Atamyz bilen özara
gatnaşykda bolanymyzda emele gelýär. Özümiz üçin Gökdäki Atamyz
nähili Ata bolsa, bizem şonuň ýaly ata bolmak isleýäris.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Joşuň aýdan on iki ýaşly Korin atly gyzy baradaky gürrüňinden soň,
onuň gören, eşiden ýa-da tanan atalaryň ýaramaz, erbet täsir ediji
sözleri ýa-da hereketleri barada birnäçe mysallar ýatlanylyp geçilýär.
13-nji sahypadaky sanawa seredip görüň — siňiz özüňizde şolar ýaly
pikirler barmy we özüňiz şonuň ýaly edýäňizmi? Eger hawa bolsa,
onda öz hereketleriňiziň çagalaryňyzdaky siziň söýgiňize we mähriňize
bolan ynamlylygyna nähili täsir edýändigine göz aýlamak üçin birneme
wagt sarp ediň.
2. Näme üçin siziň çagalaryňyz Rebbiň nukdaýnazarynda aýratyn bolup
durýarlar? Her bir çaganyň adyny tutup, onuň özüňizüçinbolşyýaly
özüňizüçinbolşyýaly,,
Reb üçin hem düýbünden aýratyndygynyň az bolanda bäş sebäbiniň
sanawuny düzüň. Soň, gelen netijäňizi her bir çaga ýetirmegiň usulyny
kesgitläň.
3.* Her bir çagaňyzyň adyny tutup, ol barada oýlanyň hem-de özüňize
şeýle sorag beriň: şol çaga siziň özüni söýýändigiňiz we özüni kabul
edýändigiňiz barada bilýärmikä
bilýärmikä?? Siz muny nireden bilýärsiňiz?
4.* Şu hepdede her bir çagaňyz üçin, çagalaryňyzyň eden işlerine däl-de,
olaryň kimdigine esaslanyp, olara özüňiziň söýýändigiňize we olary
kabul edýändigiňize düşünmäge kömek etjek iki çäre barada pikirleniň.
Bu pikirleri siz haçan we nädip durmuşa geçirersiňiz?
ATA ARASSALYGY
4
Birnäçe wagt mundan ozal, men öz çykyşlarymy diňlän bir mesihi atadan
hat aldym. Ol gowy ene-ata bolmak üçin aýaly ikisiniň elinden gelenini
edendiklerini ýazypdyr. Olar gowy ýygnagyň agzalarydy we öz çagalaryna
guwanýardy. Şeýle-de bolsa, ol, özüniň uly gyzy barada, ýaşaýan
dünýälerini weýran ediji bir zada göz ýtirendigini ýazypdyr.
Bu ata, öz ýetginjek gyzyny gelşiklije gyz hökmünde suratlandyrypdyr,
ýöne onuň ýaňy-ýakyna çenli o diýen bir oglanlaryň gözüne ilip
durmandygyny-da aýdypdyr. Ilkibaşda, ol gyz futbol komandasyndan bir
oglan bilen duşuşypdyr. Ol, tanyşlygynyň ilki başyndan şol oglan bilen
jynsy gatnaşykda bolup başlapdyr (bu barada kakasy ýaňy-ýakynda
bilipdir). Soň gyz ol oglany taşlap, başga biri bilen duşuşyp ugrapdyr.
Tizara, kakasynyň maňa ýazyşyna görä, ol bütin komanda bilen diýen
ýaly, şeýle gatnaşykda bolup çykypdyr.
Bu bagtygara ata maňa şeýle ýazýar: „Joş, olar meniň körpejämi,
ýörite «komandanyň gyzy» hökmünde, elden-ele geçiripdirler!“
Bu islendik ata üçinem gorkunç düýş ýaly bir zatdyr. Ýekeje ata-da,
bu bagtygara atanyň ýerinde bolmak islemez. Ýekeje ata-da, öz
çagasynyň jynsy gatnaşyga şeýle höwesli bolmagyny islemez. Öz
oglunyň ýa-da gyzynyň nika çenli jynsy gatnaşyga başlamagyny ýejeke
ata-da, islemez. Ýekeje ata-da çagalarynyň öz ýanýoldaşlaryna
wepalylygy saklamazlygyny islemez.
Durmuşymyzda şunuň ýaly elhenç ýagdaýlary azaltmak üçin biz
näme etmeli? Jynsy gatnaşyklar babatda ogullarymyzyň we gyzlarymyzyň paýhasly netijä gelmeklerini biz nädip gazanmaly? Biz näme edip
bileris? Biz nämä üns bermeli? Biz nädip kömek edip bileris?
38
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
ATALAR TARAPYNDAN KESGITLENILÝÄN ÝAGDAÝLAR
Jynsy gatnaşyk pikirleriniň we çagalarynyň häsiýetiniň emele gelmeginde atalar iň ilkinji, iň kuwwatly mümkinçilige eýedirler. Geçirilen
derňewlere laýyklykda, atanyň täsiri üç ýagdaýyň üsti bilen ýüze çykýar:
Atanyňbarlygy. Jeri Adler şeýle ýazýar: „1970-nji, 1980-nji ýyllarda
doglan amerikan çagalarynyň deň ýarysyndan köpüsiniň, çagalygynyň
bir bölegini diňe ejesi bilen geçirmeklerine garaşylýar. llat ýazuwy
Býurosynyň derňewleri 1994-nji ýylda doglan 16,3 million amerikan
çagasynyň diňe ejesi bilen ýaşandygyny, 40 göteriminiň kakasy bilen az
bolanda bir ýyldan bäri görüşmändigini görkezdi“.1 Atanyň öýde ýoklugy
ýa-da barlygy, çaganyň jyns meselelerindäki gatnaşygynyň ösmeginde
we hereketlerinde kesgitleýji ýagdaý bolup durýar. Eýýäm birinji bapda
bellenilip geçilişi ýaly, Jons Hopkinsiň Uniwersitetiniň derňeýjileri
„atasyz maşgalada ýaşaýan ýaş akja ýetginjek gyzlaryň, nikadan öň
jynsy gatnaşyga başlamagynyň ene-atasynyň ikisi bilenem ýaşaýan
gyzlaryňka seredende 60% ýokarydygyny anykladylar“.2 Atanyň öýde
ýoklugynyň täsirini oglanjyklaram duýýarlar. Indiana Uniwersitetinden
bolan öwreniji Robert Billingem atasyz ösýän oglanjyklaryň „köplenç,
erkegiň özüni nähili alyp barmalydygy babatdaky nusgasynyň mysaly
hökmünde tele gepleşiklerdäki hem-de gysga wagtlaýyn keýpi
suratlandyrýan kinofilmlerdäki adamlardan alýar“ 3 diýip pikir edýär.
Atanyňünsi. Kristofer Andersen özüniň: „Ata: Şahsyýet we Güýç“
diýen kitabynda, erotik programmaly barlarda we lolular klublarynda
işleýän 7000 aýalyň derňewiniň netijelerini getirýär. Şeýle käri saýlamaga belli bir ýagdaýda maddy pikiriň täsir edendigine seretmezden: „Bu
aýallaryň köpüsi, özüne erkek kişiniň ünsüni çekmäge çalyşmagynyň
sebäbiniň, şeýle ünsi çagalykda hiç haçan alyp görmändigi üçindigini
boýun alýarlar“4 diýip, Andersen ýazýar. Ata ünsüniň ýoklugy bilen, bu
aýallaryň ahlaksyz häsiýetiniň arasynda özara baglanyşyk bardyr diýip
pikir edýän awtor, sözüni dowam edýär.
Atanyň ýakynlygy. Joş Makdauelliň Gullugy tarapyndan 1987-nji,
1994-nji ýyllarda geçirilen iki derňew, kakalary bilen ýakyn özara
gatnaşyklarynyň bardygyny aýdan ýetginjekleriň (oglanlaryňam, gyzlaryňam) arasynda irki işjeň jynsy gatnaşygyň we gatnaşyklardaky bulambujarlygyň bargyny görkezýär. Bu barlaglar (edil beýleki barlaglar ýaly),
ata bilen ýakyn gatnaşyklar, ýigidiň ýa-da gyzyň nika çenli jynsy
gatnaşyga başlamagyny bellemek ýagdaýynda, howply ýagdaý bolup
durýar diýip çak edýär.
Ata arassalygy
39
ÜÇÜNJI IŇ ULY TÄSIR
Eger ata bagly bolan bu üç ýagdaýyň islendik biri diňe ujypsyzja derejede
bar ýa-da ýok bolsa, onda ata ýetginjegiň ahlaksyz hereketiniň ülňüsine
täsir edýän beýleki täsirleriň arasynda ýöne bir üçünji artykmaçlyk bolup
durýar.
Deň-duşlarynyň täsiri. Deň-duşlarynyň topary ýetginjege gürrüňsiz uly täsir edýär. Biziň ýaşlar medeniýetimiz şahsyýet gymmatlygyna,
ahlaksyzlyga, deň hasap edilmä we mähre özüniň şahsy gatnaşygyny
teklip edýär. Frenk Martin özüniň „Dostlukly ata“ diýen kitabynda,
maşgala meseleleri boýunça meşhur bolan maslahatçydan eşiden bir
wakasyny getirýär:
On alty ýaşly gyz onuň kabul edişliginde bolanda, özüniň heniz
on üç ýaşyndaka başyndan geçiren ilkinji jyns gatnaşygyny
suratlandyrýar. „Men öz dostlarymdan jynsy gatnaşyklar barada
eşitmekden şeýle bir ýadadym welin, munuň nämedigini özümiň
bilesim geldi, şonuň üçin men agşamky dabaradaky iň görmegeý
ýigidiň ýanyna baryp, şu işi etmäge höwesiniň bardygyny ýa-da
ýokdugyny soradym“ diýip gyz gürrüň berýär. Soň bularyň ikisi
ýatylýan otaga gidýär we bary ýogy birnäçe minudyň dowamynda
bu ýaşajyk gyz gyzlygyny ýitirýär. „Bu düýbünden meniň garaşan
zadym däldi. Ýöne hiç bolmanda munuň nämedigin-ä bildim, şondan
soň dostlarym bilen bu zat barada gürrüň edip bildim“ — diýip, ol
maslahatça gürrüň berýär.5
Deň duşlarynyň täsiriniň güýji, ýetginjegiň jynsy gatnaşyk işjeňliginde,
ylaýta-da, ýetginjek ýokarda agzalan atalyk ýagdaýlarynyň birinden
mahrum bolan ýagdaýynda, esasy kesgitleýji roly oýnaýar. Müň
sany ýetginjegi öwrenmeklik, olaryň 76 göteriminiň, özüni tejribeli
duýmak we çetde galmazlygy üçin, jynsy gatnaşyklarda has uzaga
gitmäge taýýardygyny görkezdi.6 Çagalarymyzyň köp jemgyýetlerinde,
mekdeplerinde hem toparlarynda „jynsy gatnaşyk ýaryşyna“ goşulmaga
mejbur edýän dartgynlylyk, örän gorkunç bolup biler.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, täsiri. „Garaşmak
nämä gerek?“ diýen kompaniýanyň çäklerinde 1987-nji ýylda geçirilen
ýetginjekleri milli taýdan öwrenmeklik, deň-duşlarynyň ýetginjegiň jynsy
gatnaşyklaryna we häsiýetine birinji derejeli täsir edýändigini görkezdi.
Ýöne „deň-duşlara“ näme täsir edýär? Ýetginjekleriň köp bölegi jynsy
gatnaşyklar we jynsy gatnaşyk taýdan özüňe çekmelik baradaky
40
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
maglumatlary
ene-atasyndanam
däl,
ýygnanyşykdanam
däl,
mekdepdenem däl-de, telegepleşikleriň tutanýerli akymyndan, filmlerden,
rok-sazlardan hem-de häzirki döwürde hemişekilerden has ýüzleý hem
aç-açan bolan döwürleýin neşirlerden alýarlar.
1. Teleýaýlym. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň imanly
ýetginjegiň jynsy gatnaşyk meselesindäki iň esasy kesgitleýjisi bolmagy
mümkindir. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerine ýaşlaryň üstünden
şeýle höküm sürmekligi näme berýärkä? Aşaky mysallara seredeliň: orta
mekdep ýaşyna ýetmedik çaga telewizoruň öňünde, uniwersitetiň
bakalawr derejesini alýan talybyna seredende köp wagtyny geçirýär. Bir
barlagyň netijesinde, her bir mekdep ýaşyna ýetmedik çaganyň telewizoruň öňünde hepdede ýigrimi sagat, başlangyç synp okuwçylarynyň
bolsa, hepdede ýigrimi iki sagat wagtyny geçirýändigi anyklanyldy.
„Uky olardan köp wagty ynan edýän ýeke-täk wagt geçirmeklikdir. Olar
on sekiz ýaşyna ýetende, başga ýerlerdäkä seredende, şoňa mekdebi-de
goşanyňda, telewizoruň öňünde köp wagt geçiren bolup çykýar“.7 Başga
bir barlag şeýle baha berýär — orta mekdebi gutaran wagtynda ortaça
ýetginjek telegepleşiklere seredip, 22 000 sagat wagtyny geçiripdir.
Wagtyň bu mukdary onuň mekdepde on iki ýylyň dowamynda geçiren
wagtyndan-da iki esse köpdür.
2. Saz.Ýediden on ikinji synpa çenli okaýan çagalar takmynan 10500
sagadyň dowamynda rok-sazyny diňleýärler. Rok-sazy diňlemäge sarp
edilýän wagt, mekdepde on iki ýylyň dowamynda geçirilen umumy
wagtdan jemi 500 sagat köp bolýar.8 „Ýetginjekler köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň täsirine örän güýçli sezewar edilendir. Häzir olaryň
ulular bilen özara gatnaşygy, hemişekilerden az mukdardadyr, şonuň
üçin olaryň dostlary bilen köpçülikleýin habar beriş serişderlerinde
berilýän täsirli modeller, olara has güýçli täsirini ýetirýär“.9
3. Kinowewideofilmler. Biziň ýaşlarymyzyň köpüsi, azat söýginiň
we tötänleýin bolan jynsy gatnaşygyň ters tarapynyň bardygyna düşünmezden, şahsy jynsy gatnaşyk nukdaýnazaryny kinoda ýa-da wideofilmlerde gören zatlaryna esaslandyryp düzýär. Eger ýetginjekler öz
garaýyşlaryny üýtgetmäge güýji ýetmese, onda olar munuň üçin gaty
gymmat baha tölemeli bolarlar. Şeýle baha barada bir ýaş gyz şeýle
diýýär:
Filmler bilen sabyn köpürjigi ýaly bolan operalar näme hakda gürrüň
bermeýärler. Olar tötänleýin gatnaşyklaryň hem-de nika çenli jynsy
gatnaşyklaryň netijesinde bolan heläkçilikler, ýaralanan ýürekler
barada gürrüň berýärler. Jynsy gatnaşyk üçin nädogry saýlan
Ata arassalygy
41
adamyň barada hiç hili gowy zat aýdyp bolmaz. Meniň geçen iň
agyr, iň agyryly synaglarym ‹...› agyr hirurgik operasiýasyndanam,
rak keseliniň bardygyny anyklamak üçin berlen analizdenem, köp
sanly işden çykarylmalardanam agyr boldy ‹...› öýlenen erkek
adamlar bilen jynsy gatnaşyklarymyň soňy boldy.10
Bu sözler, meniň ýüregimi ýaralaýar. Bu sözler meni gorkuzýar.
Bu sözler öz çagalaryma deň-duşlarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň täsirini ýeňip geçmeklige kömek etmäge meni mejbur edýär.
Bu sözler meniň üçünji ýagdaýda bolma we üçünji ýagdaýdalygyma galma,
hem-de çagalarymda jyns we jynsy gatnaşyk meselesindäki garaýyşlary
emele getirmekde iň esasy adam bolma islegimi kesgitleýär.
Men, çagalary Rebbiň jynsy gatnaşyk babatdaky nukdaýnazaryny
bilýän ata bolasym gelýär. Men, çagalarynda jynsy gatnaşyga sagdyn
we doly düşünjesi bolan ata bolasym gelýär. Men, çagalary bilen özleriniň
ýigitlik we ýaşlyk döwründe hökman gabatlaşmaly boljak, güýçli täsirlerden hem-de höweslerden gorap biljek jynsy gatnaşyk barada, arassaçylyk barada gürrüň edýän ata bolasym gelýär. Men, çagalary jynsy
gatnaşyklara diňe nikada başlamagy niýet edinýän ata bolasym gelýär.
Men, çagalary nikada öz ýanýoldaşlaryna wepalylygy saklaýan ata
bolasym gelýär.
Men, öz Atam nähili bolsa, şonuň ýaly bolasym gelýär.
ARASSAÇYLYK NUSGASY
Rebbiň Öz Sözi arkaly beren tabşyryklary, Öz halkyndan arassalygy
ynan edýändigini kesgitleýär. Hudaý kanunyň üsti bilen gürleýär hem-de
Öz ülňüsini örän aýdyň beýan edip, jynsy gatnaşykdaky hapalygyň
(ýagny, kanuny nikadan daşarky islendik jynsy gatnaşyk işiniň) düzgüni
bozmadygyny belleýär:
Zynadangaçaduruň(Resullaryň
Zynadangaçaduruň
(Resullaryň işleri 15:29)
15:29)..
Ahlaksyzlykdangaçyň(1
Ahlaksyzlykdangaçyň
(1 Korint. 6:18)
6:18)..
Zynaetmäliň(1
Zynaetmäliň
(1 Korint. 10:8)
10:8).
.
Zynanyň,herhilihapalygyň...araňyzdaadyagzalmasyn.
Beýlezatlarmukaddeslereýaraşýandäldir(Efesliler
Beýlezatlarmukaddeslereýaraşýandäldir
(Efesliler 5:3)
42
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Şonuňüçinýerdäkitebigatyňyzamahsusbolanzyna,
hapalyk,şewketwehöwesler...ýalyislegleriňiziöldüriň
(Koloseliler 3:5)
3:5).
.
Hudaýyňisleýäni,...zynadansaklanmagyňyzdyr(1
Selanik.4:3).
Rebbiň arassalyk babatdaky biynjalygyny aňmazlyk kyndyr. Şeýlede bolsa, bu biynjalygyň diňe bir Hudaýyň talaby barada däl-de, Onuň
gymmat hasaplaýan zady barada gürrüň berýändigi bilinmän galýar. Ol
hemişe bu gymmatlygyň manysyny Öz halkyna düşündirmäge çalyşdy:
Ol äht Sandygyny ýasanda diňe arassa altyn ulanmaklygy ynan etdi; Ol
tütetgi üçin diňe arassa ladan ulanmalydygy öňünden ýazdy; Ol gurbanlyk
üçin diňe arassa mal bolmalydygyny ynan etdi; Ol arassa ýürek (Matta
5:8), arassa dindarlyk (Ýakup 1:27) hem arassa gatnaşyklar (1 Timoteos
5:2) ynan etdi.
Munuň üstesine-de, tabşyryklarda Rebbiň Özi barada hakykat açylýar;
Göreldeli Atanyň Özüniň arassadygy hakda aýdylýar. „Oňa umyt baglan
her kes Onuň sap bolşy ýaly, özüni saplar“ (1 Ýahýa 3:3). Tomas Treweten
Rebbiň arassalygyny ýatda galyjy sözler bilen suratlandyrýar:
Hudaý erbetlik bolan hemme zatlardan daşda, aýratyn durandyr.
Onuň ahlak beýikligi hemme taraplaýyndyr. Öz isleginde beýanyny
tapýan Onuň häsiýeti, hemme taraplaýyn iň gowy ahlagyň ülňüsini
emele getirýär. Hudaý mukaddesdir, Ol ähli bar bolan zatlar üçin
hemme gowy zatlaryň gowy göreldesi bolup durýar. Daşyndan Ol
Öz ýaradan zatlary bilen deňeşdireniňde gapma-garşylyk bolup
durýar. Ýüreginde bolsa, hemme taraplaýyn arassalygyň şöhle
saçýan merkezidir.11
Hudaýyň arassa bolany üçin, jynsy gatnaşyklardaky hapalyk Onuň
öňünde günädir. Betşeba bilen günä eden Dawut patyşa, soňurak eden
işine ökünýär; Ol Rebbiň öňünde toba edip: „Men Saňa, diňe Saňa garşy
günä etdim, Seniň nazaryňda ýamanlyk etdim...“ (Zebur 51:4) diýýär.
Eýsem, Dawut öz günäsiniň başga adamlara täsir edendigi, mysal üçin,
Betşebanyň adamsynyň hem-de onuň Dawuda dogrup beren çagasynyň
ölümine sebäp bolandygy dogrusyndaky hakykaty äsgermezlik etdimi?
Ýok, Dawut Betşeba bilen günä eden wagty, bu işiň kanuny Bereniň
öňünde günädigine düşünýärdi. Dawut Hudaýyň arassalygyna şek ýetirende, onuň edenleri Hudaýyň nazarynda ýigrenjidi.
Ata arassalygy
43
Başga sözler bilen aýtsak, Göreldeli Ata — häzirkizaman medeniýetiniň, deň-duşlarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň garşysyna — arassalygyň gowudygyny aýdýar. Göreldeli Ata arassalygy
saklamaga çagyrýar, sebäbi Ol arassalyga ýokary baha berýär. Ol
arassalyga ýokary baha berýär, sebäbi Onuň Özi arassadyr.
Meniňem hut şunuň ýaly ata bolasym gelýär. Men öz çagalarymyň
arassalygyň gowudygyny bilmegini isleýärin. Men öz çagalarymyň
arassalykdançekinmegiňýadautanmagyňgerekdäldigini bilmegini
isleýärin. Men olaryň medeniýetinde, deň-duşlarynyň toparlarynda,
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde köp beýan edilýän şatlygy ret
etmegini isleýärin. Meniň hem gulluk edýän we öýkünmek isleýän Atam
ýaly, arassalyga ýokary baha berýändigimi olaryň bilmegini isleýärin.
Arassalykdan gelip çykýan ähli gowy zatlary olaryň görmegini isleýärin.
Hudaýyň arassalyk dogrusyndaky ülňüsini olaryň meniň özümde
görmegini isleýärin.
Elbetde, muny ýerine ýetireniňden, dilde aýtmaklyk has aňsatdyr.
Ýöne islendik ýagdaýda-da, muňa meniň özüm özbaşdak ýetip
bilmeýärin. Bu doga etmeleri we Mukaddes Ruha bil baglamany
ynan edýär. Şondan soň Mukaddes Ruh, meniň aşakdakylara ýetjek
bolup synanyşdygymça, mende hereket edip we tagallalarymda
hemaýat edip biler:
ÜNSÜŇIZI WE YSNYŞANDYGYŇYZY BILDIRIŇ.
Bir gezek men ABŞ-daky iň uly, iň baý bolan ýygnanyşyklarynyň birinde,
bir hepdäniň dowamynda konferensiýa geçirdim. Meniň orta we ýokary
synpdan bolan kyrk iki sany okuwçy üçin ýörite sagatlarym düzülipdi.
Olaryň maňa beren ilkinji soragy şeýledi: „Joş, men kakamy näme
etmeli?“ Olaryň nämäni göz öňünde tutýandygyny soranymda olar şeýle
diýdiler: „Onda meniň üçin hiç haçanam wagty ýok“, „Ol hiç haçanam
meni ýany bilen äkitmeýär“, „Ol hiç haçanam meniň bilen gürleşmeýär“
, „Ol hiç haçanam meniň bilen bile bir zatlar etmeýär“. Men kyrk iki
okuwçynyň hemmesindenem: „Sen kakaň bilen gürleşip bilýäňmi?“ diýip
soradym. Olaryň diňe birjigi ynamly jogap berdi.
Biziň günlerimizdäki başga çagalarda-da bolşy ýaly, bu ýetginjekler
hem öz kakalarynyň ünsüne we ysnyşmasyna teşnedir. Bu „söýgi
ýetmezçiligi“, öz-özünden gaýtalanýan howply döwri döredip, çagalarada, ene-atalara-da täsirini ýetirýär. Şol döwürde söýgi ýetmezçilik edýän
ene-atalar, söýgä has-da mätäç bolan çagalary terbiýeleýär. Munuň
netijesiniň bolsa, gaty gynandyryjy bolmagy münkindir.
44
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Çagaňyz siziň üns bermegiňize mätäçdir. Men käwagt mekdepden
soň çagalarymy garşy alýaryn, soň biz nirededir bir ýerde naharlanýarys.
Öýüň golaýyndaky ýarym sagatlyk gezelenç ýa-da ýakynda ýerleşýän
kiçijik kafe doňdurma iýmäge gitmeklik, çagalaryňyza üns berýändigiňizi
äşgär etmäge hem-de olaryň özüňiz üçin nähili wajypdygyny görkezmäge
ajaýyp mümkinçilik berip biler. Meniň dostum Norm Ueýkfild, çagalary
entek kiçijikkä eden başlangyçlarynyň biri barada şeýle gürrüň berýär:
Bir gezek ýekşenbe güni maşgalam ýygnanyşyga baryp gelenden
soň, günortanlyk naharyny edinip otyrka, men çagalaryma: „Şu
gün men siziň her biriňize bir zat sowgat etmek isleýärin“ diýdim.
Çagalarymyň gözleri şatlykly we garaşýan äheňde şöhle saçdy —
Men siziň her biriňize otuz minut sowgat etmek isleýärin. Şol
wagtyň dowamynda men siziň bilen islän zatlaryňyzyň hemmesini
etjek. — Munuň jogaby, edil men naşyja dolanan sowgat getirenimdäki ýaly şeýle güýçli, şatlykly galmagal boldy.
Men Emiden näme etmek isleýändigini soradym. „Men seniň
bilen ýöne bir gezelenç etmek isleýärin, kaka“. Biz biri-birimiziň
elimizden tutup, daş-töweregimize gezelenç etdik, üstesine-de,
üstesineher
kime bir sany doňdurma satyn aldyk.
Öýe gaýdyp gelenimizde, Joý meniň bilen öýmüziň öňündäki
otluja meýdançada göreşmek isleýändigini aýtdy. Otuz minudyň
dowamynda biz onuň bilen oýnadyk hem göreşdik.
Soň men çagalar bagyna gidip başlajak bolup ýören Jillden
näme etmek isleýändigini soradym. „Men arka tarapky eýwanda
kreslonuň üstünde seniň dyzyňda oturjak, seniň hem maňa bir zat
okap bermegiňi isleýärin“ diýdi. Menem oňa okap berdim.
Şol gün men öz wagtymyzyň çagalar üçin nähili ähmiýetli
sowgat bolýandygyna akyl ýetirdim. Şol wagt şatlyk hem sahylyk
bilen berlende, ol soňunda baý miweler getirer.
Siziň çagalaryňyza — olaryň ýaşyna seretmezden — siziň ysnyşyklylygyňyz hem wajypdyr. Men hakykatdanam bir zada ynanýaryn, ata bilen
ýetginjegiň –ogluň ýa-da gyzyň — gujaklaşmasy, beýleki islendik alnan
ýagdaýa seredende, ýetginjekde jynsy gatnaşygyň arassalygy babatdaky
ösüşinde has köp zady edip biler. Siz çagalaryňyzy gereginden köp hiç
haçanam gujaklap bilmersiňiz, dogrusyny aýdýan, hiç haçan. Olaryň näçe
ýaşyndadygynyň, nä derejede uludygynyň ähmiýeti ýok; ýekeje adam
hem hiç haçan ysnyşyklylyga mätäçlik ýaşyndan ötüşmeýär. Gujaklama,
ýylgyryş we „Men seni söýýärin“ diýip pyşyrdy bilen aýtmaklyk ýa-da
Ata arassalygy
45
hereket bilen düşündirmeklik ýaly ýönekeý zatlarda ägirt güýç bardyr.
JYNS MESELESINI ARA ALYP MASLAHATLAŞANYŇYZDA
AÇYK BOLUŇ
Eger siz, çagalaryňyz jynsy gatnaşyklara degişli bolan sagdyn gatnaşygy
we häsiýeti emele getirmekdäki tagallalarynda, özüňizden goldaw almaly
diýip hasaplaýan bosaňyz, onda özüňiz bilen ogluňyzyň ýa-da gyzyňyzyň
araňyzdaky dowamly gatnaşyklar wajypdyr.
Öz çagalaryňyzy şahsy bütewilige gönükdirmekde aýalyňyz bilen
özüňiz ilkinji hem iň gowy mümkinçilige eýesiňiz. Eger siz gatnaşyk
mümkinçiliklerini açyk hem-de hakykata esaslanan edip goýsaňyz, onda
özüňiziň şahsy jynsy gatnaşygyndaky goraglylygyňyzyň baýlygy, hemme
özara gatnaşyklara reňk berer. Ogluňyz sizden erkek bolmaklygyň nämedigini, aýallar bilen nähili gatnaşyklarda bolmalydygyny öwrener. Öňünde
iň gowy nusgalaryň biri durany üçin, ol özüni ynamly duýar. Özüne
bolan guwanjyňyzy hemişe eşidýän gyzyňyz, özünde özüne bolan
hormaty köpelder hem-de zenanlyk keşbini alada bilen gurşap gorar. Ol
ulaldygyça, onda özüniň gatnaşyk saklajak beýleki erkek adamlaryna
baha bermek ukybyny berýän sagdyn esas goýulýar. Ol erkekler
tarapyndan gelýän dartgynlylygyň öňünde gowşak bolmaz, sebäbi siziň
durmuşyňyzyň mertebesi hem-de söýgüsi ony ygtybarly gorag bilen
üpjün edýär. Ol garşydaş jynsa degişli bolan adamlar bilen gatnaşmagy
öwrenýär.
Siziň açyk aýtma ukybyňyz we durmuşyňyzyň ahlak nukdaýnazary
barada gürrüň etmegiňiz, çagalaryňyz bilen özara gatnaşyklaryňyzda
örän wajyp başlangyç bolup durýar. Mukaddes Kitaba ýüzlenmek bilen
biz, çagalarymyz bilen bilelikde şahsy arassalyga we jynsy ahlaga degişli
bolan gürrüňe degişli bolan sapagy alyp bileris. 3-njiden 7-nji tymsala
çenli çagalaryň ene-atasynyň pähimine gulak asmalydygy aýdylýar. Eneatalara çagalary bilen jynsy gatnaşyklar barada gürrüň etmeklik hiç
haçanam buýruk berilmeýär. Ene-atalaryň öz çagalary bilen gürleşjegi
göz öňünde tutulýar. Çagalaryňyz bilen olaryň durmuşynyň örän wajyp
bölegine degişli bolan gürrüňde, size näçeräk öňe gitmek başartdy?
Şu ulgamda gürrüňdeşlik boýunça kömege mätäç bolan ene-atalar
üçin niýetlenen birnäçe ajaýyp çeşmeler bar. Biziň şatlyk bilen teklip
etjek şeýle kitaplarymyzyň biri-de, „Çagalaryňyz bilen söýgi, jynsy gatnaşyklar we duşuşyklar baradaky gürrüňdeşlik“ diýen kitapdyr. Bu kitap,
Berri we Kerol Sent-Kler tarapyndan ýazylandyr. Ol, ýaşyna baglylykda
çagalary bilen bu zatlar barada dürli derejedäki gürrüňdeşlik üçin ene-
46
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
atalara niýetlenen ädimme-ädim düzülen gollanmadyr. Üç kitapdan ybarat
bolan, daşy sowgatlyk görnüşinde bezelen ýene bir ýygyndy peýdaly
çeşme bolup biler. Olary men ýetginjekler üçin redaktirledim. Onuň ady
„Duşuşyklar: ýeňijileri saýlaýarys (we ýeňiji bolýarys)“, „Jynsy gatnaşyk:
iň gowy zady islemeklik“, „Söýgi: ol dowamly bolsun“. Bular ýaşlar bilen
işlemek boýunça meşhur bolan Berri Sent-Kler we Bill Jouns tarapyndan
ýazylandyr. Şeýle-de, wideokassetada „Söýgi we jynsy gatnaşyk barada
gürrüň edýäris“ atly kitapça bar. Bu wideomaterialy wideokasseta bilelikde
seredeniňizden soň, siziň ýetginjegiňize olary kitaplar toplumy bilen bile
ulanmaklyk teklip edilýär. „Söýgi bilen, kakaňyz“ diýen bu kitap, özümiň
ogluma we gyzyma öňde duran jynsy kynçylyklaryň we höwesleriň
hötdesinden gelmeklik barada ýazylan hatlaryň ýygyndysydyr.
Jynsy gatnaşyk meseleleri babatdaky gürrüňdeşligiň wajyplygy, her bir
atanyň gabatlaşmaly bolan ýene bir kynçylygyny aýaga galdyrýar. Eger
özümiziň şahsy jynsy gatnaşygymyzda ynamsyzlyk ýa-da päsgelçilik bar
bolsa, onda bu kynçylygy çagalarymyza geçirýäris. Eger erkek adam
aýalyň kemsidilýän maşgalasynda ulalyp, terbiýelenen bolsa, onda ol edil
şunuň ýaly gatnaşyklary we duýgulary öz gyzlaryna-da geçirýär. Bu
ýagdaý hem gyzlary erkekleriň öňünde gowşak edip goýýar. Eger size
erkek adamyň güýçli, dymma, zabun we rehimsiz bolmalydygyn öwreden
bolsalar, onda ogullaryňyz bu häsiýetleri sizden özlerine geçirerler.
Ýöne ýatda saklaň, biz hökman ýaramaz gatnaşyklaryň çäklerinde
galmaly däldiris. Mukaddes Ruhuň ruhlandyrmasynyň kömegi bilen,
çagalarymyzyň şatlykly hem-de söýgüden doly durmuş ýoluny alyp
bilmegine kömek etjek täze, halas ediş duýgularyny, gatnaşyklary we
hereketleri hakykat ýüzünde emele getirip bileris.
HUDAÝYŇ ARASSALYK ÜLŇILERINIŇ NUSGASYNY GÖRKEZMEK
Öz kakasynyň Hudaýyň arassalyk ülňüleriniň nusgasyny görkezmäge
çalyşýandygyny çagalaryňyz görse, onda şol ülňileri özünde ösdürmek
olara aňsat düşer. Öz aýaly bilen hemişe gowy gatnaşyklary saklaýan,
onuň näzikligini ykrar edip, ol hakda alada edýän ata, çagalarynda emosional taýdan durnuklulygyň berk esasyny goýýandyr. Jynsy gatnaşyklara
berilýän dünýewi bahalardan daş durýan ata (bu onuň edýän
hereketlerinde, nähili nukdaýnazarynyň bardygynda, nämä diň
salýandygynda öz beýanyny tapýar), öz çagalary üçin Hudaýyň
arassalygynyň nusgasyny görkezýär.
Öz çagalaryňyzda Hudaýyň arassalyk ülňilerini gurmagyň has peýdalyrak usullarynyň biri-de, olara jynsy gatnaşyklaryň sagdyn keşbiniň
Ata arassalygy
47
nähili bolýandygyny görkezmekdir. Şunuň ýaly soraglar barada gürrüň
etmeli bolanda käbir ene-atalar utanjaňlyk we çekinjeňlik duýýarlar. Bu
bolsa, olaryň çagalarynda jynsy gatnaşygyň hatda nikada-da bir hapa zat
(ýa-da hiç bolmanda „gürrüňini etmeli däl bolan bir zat“) bolmagy
mümkin diýen ýaly pikir döredýär. Ýöne eger, siziň çagalaryňyz, jynsy
gatnaşygyň öz aýalyňyz bilen paýlaşýan päk we ajaýyp özara gatnaşyklaryňyzyň bir bölegi bolup durýandygyna düşünse, onda bu olara jynsy
soraglara bolan sagdyn gatnaşyklary döretmäge kömek eder. Bu bolsa,
Rebbiň pikirine bap gelýän zatdyr. Özümiziň „Nädip çagalaryňyz üçin
gahryman bolmaly“ diýen kitabymyzda, meniň bilen bile awtorlyk eden
Dik Deý bilen biz aşaky hekaýajygy getirýäris:
Dik, Şarlottanyň Wheaton Collegedäki aýallar konferensiýasynda
çykyş etmek üçin, Orta Günbatara az wagtlyk gidendigini ýatlaýar.
Şarlotta takmynan bir hepde ol ýerde bolupdyr we sagat altydaky
gatnaw bilen San-Diýego gelmeli eken. Dik Julienadan SanDiýego — olaryň arasy takmynan 90 kilometrlik ýola gitmäge
taýýarlanyp oturşyna,, şol wagtlar ýetginjek bolan Timmi bilen
Jonatona ýüzlenip: „Oglanlar, bu ýerde şu agşam ýeke ýataýsaňyz
nädýä? Siziň doganyňyzam golaýyňyzda,
golaýyňyzd edil şu köçede ýaşaýar.
Eger işiňiz çyksa şoňa jaň edäýiň. Men ejeňiziň öňünden çykyp
garşy aljak, biz San-Diýegoda myhmanhanada ýataýarys“ diýýär.
Timmi kakasyna seredip, soň uludan ýylgyrýar. Ol dostlarça
Dikiň egnine kakýar-da, şöhle saçýan gözler bilen oňa garap:
„Bolýa, kaka! Elbetde, gidiber!“12 diýýär.
Dikiň ogullary öz ene-atasynyň gatnaşyklarynda, diňe Rebbiň pikirindäki
ýaly, nikadaky jynsy gatnaşyklaryň gözelligini we arassalygyny gördüler.
HUDAÝYŇ ARASSALYK ÜLŇISINI ÖWRENMEK
Gyzym Kelliniň on bäş ýaşy dolanda, men birnäçe ýyllardan bäri arzuw
edip ýören bir zadymy etdim. Men Kellini duşuşyga çagyrdym. Men
bilgeşleýin ondan duşuşmagy haýyş etdim, soň geýindim-de, maşynly
gelip, ony çykalgada garşy almak üçin, öýden gitdim. Men oňa maşynyň
gapylaryny açyp hem ýapyp berdim. Soň biz gowy restorana gitdik, men
onuň oturgyjyny süýşürip berdim. Agşamlyk naharynyň başynda bolsa,
onuň islegine degişli bolan gürrüňleri etdim. Nahardan soň biz göwün
açmak üçin, onuň saýlan ýerine gitdik.
Her duşuşygyň söňunda men, özüni duşuşyga çagyrjak ýigidiň, eger
48
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
ol hakykatdanam Kellä hormat goýýan we ol barada alada edýän bolsa,
meniň bütin agşamlygyň dowamynda edişim ýaly etmelidigini Kellä
düşündirmek üçin birneme wagtymy sarp etdim. Soň men beýleki
gyzlarymy-da şunuň ýaly duşuşyga çagyrdym. Biziň oglumyz Şon özüniň
birinji duşuşygyna meniň aýalym Dottini çagyrdy. Şona näme
etmelidigini, Dottä nähili seretmelidigini, bütin agşamlygyň dowamynda
üns alamatlaryny nädip bildirmelidigini men oňa öwretdim.
Bu duşuşyklar çagalaryma arassalyk ülňülerini öwretmek üçin ulanan
usullarymyň biri boldy. Şeýle hem men, çagalarym bilen Hudaýyň jynsy
gatnaşyk arassalygyna degişli ülňileri barada gürrüň etmäge pursat
tapmak üçin, telewideniýäniň, filmleriň, bolan wakalaryň ýa-da öz maşgalamyzda, dostlarymyzda bolan toýlaryň beren mümkinçiliklerindenem
peýdalandym. Başga mysallaryň arasynda men hatda çagalarymyň
ünsüni ballonjykdaky reňk bilen diwara ýazylan dört harpdan ybarat
bolan söze çekip, graffitä-de ýüzlendim. Bu sözüň näme üçin Hudaýyň
ajaýyp zat hökmünde ýaradan zadyny kemsidýän şeýle ýigrenji sözdügini
düşündirdim. Şol düşündirişlere daýanyp hem, nikadaky içgin gatnaşyklaryň arassalygy we mukaddesligi barada gürrüň bermegimi dowam
etdirdim.
ARASSALYKDAN GELEN ŞATLYGY PAÝLAŞYŇ
Çagalaryňyzda Hudaýyň Özüniň arassalygyny şöhlelendirýän arassalygyň
şahsy ülňüleriniň ösmegine maksimal hemaýat edýän usullaryň biri-de,
her gezek mümkinçilik bolanda arassalykdan gelýän şatlygy we oňat
netijeleri (şeýle hem ahlaksyzlygyň ýaramaz netijelerini) paýlaşmaklyk
bolup durýar.
Men çagalaryma arassalyk ülňilerini berjaý etmegiň lezzete we
kanagatlanma tarap iň gysga ýoldugyny, ahlaksyzlygyň bolsa, gürrüňsiz,
özüňi günäli saýma duýgusyna, lapykeçlige we ruhy taýdan pese
düşmäge alyp barýandygyny görkezmek üçin hemme mümkinçilikden
peýdalanýaryn. Hudaý tarapyndan oýlanyp tapylan arassalyk ülňüsiniň
islenilmeýän göwrelilikden, jyns gatnaşyklary arkaly geçýän kesellerden
goraýandygyny, şeýle hem ruhy rahatlyk bilen üpjün edýändigini men
olara ýatladýaryn. Men olarda jynsy gatnaşykdaky arassalygyň özlerini
goragsyzlykdan saklaýandygyna, är-aýalyň arasyndaky ynamlylygy
üpjün edýändigine ynam döretmäge synanyşýaryn. Men öz çagalarym
bilen arassalygyň — nika çenli bolşy ýaly nikadan soň hem — är-aýalyň
arasyndaky hakyky ýakynlygyň emele gelmegine ýardam edýändigi,
ahlaksyzlygyň netijesi bolan: ikitaraplaýyn şühbe, lapykeçlik, gaýgy-
Ata arassalygy
49
gussa, güýçli tolgunma, ruhy taýdan boşluk ýa-da başga-da köp ýakymsyz duýgular ýaly zatlardan saklaýandygy baradaky pikirlerimi
paýlaşýaryn.
Ýaňy-ýakynda Keýti maňa gaty çyny bilen: „Kaka, meni söýýändigiň
üçin sag bol“ diýdi.
„Sen nämäni göz öňünde tutýarsyň?“ — diýip, men ondan soradym.
„Sen maňa hemişe hakykaty aýtdyň. Sen meniň bilen jynsy gatnaşyklar we olaryň netijeleri barada gürrüň etdiň. Men nädogry saýlaw edip,
şondan soň özlerine näme boljagyna düşünmeýän köp deň-duşlarymy
bilýärin“ — diýip, ol göni aýtdy. Özüniň ähli dostlarynda, synpdaşlarynda,
olar bilen arassalygyň şatlygy we ahlaksyzlygyň netijeleri barada açyk
gürleşip bilýän kakasynyň bolmagyny isleýändigini aýtmak bilen, ol
gürrüňini dowam etdirdi.
Ata hökmünde biz siziň bilen: çagalarymyzda Hudaýyň arassalyk
ülňisine düşünjäni, hormaty we öýkünmäni berkitme ýaly wajyp ähmiýetli
mukaddes wezipäniň öňünde durus. Mukaddes Ruhuň şahsy
durmuşymyza edýän täsiri bilen başlanýan bu iş hem-de Onuň kuwwat
berýän güýji, biziň tagallalarymyz bilen birlikde, öz çagalarymyza
ünsümizi we mährimizi bildirmäge bize kömek eder. Olar bilen jynsy
gatnaşyk meselesinde, Hudaýyň arassalyk ülňüsini özümizde
modelirlemek meselesinde hem-de çagalara Hudaýyň şu ülňülerini
hemişe öwretmekde, her gezek mümkinçilik bolanda, arassalyk şatlygyny
olar bilen paýlaşmakda-da kömek eder.
Özümiziň bu zatlary Hudaýyň kömegi bilen edişimize görä, çagalarymyz, jynsy gatnaşyklara diňe nikada başlamak üçin — deň-duşlary,
jemgyýet, hatda öz gormonlary tarapyndan edilýän — dürli basyşlara
garşy durmagy öwrener. Olar jynsy gatnaşyga bolan sagdyn we ruhy
garaýşyny ösdürmäge hem-de kabul etmäge gowy taýýarlanan bolýarlar.
Jynsy gatnaşyk ulgamynda oýlanyşyksyz gelnen kararyň yzyndan
gelýän ýürek howsalasyndan we betbagtlykdan uly ynam bilen gaça
durmak olara başardýar. Şonuň üçin olar soňurak, nikada öz adamsyna
ýa-da aýalyna wepaly bolmaga gowy taýýarlanan bolýarlar.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Siz nähili pikir edýärsiňiz, çagalaryňyzyň jynsy meselelere degişli
bolan garaýyşlaryna deň-duşlary nähili tasir edýär? Köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň täsiri barada siz näme aýdyp bilersiňiz? Mümkin
boldugyça takykrak jogap beriň.
2. Şu bapda suratlandyrylýan, Hudaýyň arassalyk ülňisinde terbiýelemäge
kömek etjek bäş ugra serediň. Özüňiziň aşaky ulgamdaky ýeten
üstünligiňize baha bermek üçin, siziň pikiriňizçe gabat gelýän sözüň
gabadyna, çyzygyň ýokarsyna, atanak goýuň:
Men öz çagalaryma üns we mähir berýärin
.........................................................................................................
hemişe
käwagt
hiç haçan
Men jynsy gatnaşyklar barada açyk gürrüň edýärin
.........................................................................................................
hemişe
käwagt
hiç haçan
Men Hudaýyň arassalyk ülňisiniň nusgasyny görkezýärin
.........................................................................................................
hemişe
käwagt
hiç haçan
Men Hudaýyň arassalyk ülňisinde terbiýelemäge çalyşýaryn
.........................................................................................................
hemişe
käwagt
hiç haçan
Men arassalyk şatlygyny paýlaşýaryn we ahlaksyzlygyň netijelerini
görkezýärin
.........................................................................................................
hemişe
käwagt
hiç haçan
3. Ýokarda görkezilen ugurlardan haýsy ikisinde gowulaşmaklyga ýetmek
isleýärsiňiz, gowulaşmaklyga ýetmek üçin näme edip biljekdigiňiz
barada pikir ediň. Şu bapdaky teklipleriň we şekilleriň arasynda
siziň etmek isleýän zadyňyza kömek edip biljegi barmy? Eger hawa
bolsa, onda şol pikirleri belläň-de, olary çaltrak durmuşa geçirmekligi
meýilleşdiriň.
4* Çagalaryňyzyň her biri bilen indiki alty hepdäniň dowamynda“Kaka
bilen duşuşygy“ az bolanda iki gezek geçiriň. Çagalaryňyza ýaraýan
haýsydyr bir zady meýilleşdiriň we oňa duşuşygyň dowamyndaky hemme
wagtyňyzy bagyş ediň. Hem özüňize, hem şagalara şatlyk getiriň!
Birinji duşuşykda siz näme etjeksiňiz?..............................................
Şol duşuşyk haçana meýilleşdirilýär? ................................................
Ikinji duşuşykda siz näme etjeksiňiz? ...............................................
Şol duşuşyk haçana meýilleşdirilýär? ................................................
ATA HAKYKATY
5
Meniň gyzym Kelli dördünji synpda okaýarka, onuň birnäçe synpdaşlary,
entek mugallym gelmänkä, onuň stolundan bir zat alypdyrlar. Çagalar ol
zady diňe oýnamakçy ekenler, emma ol derrew döwüläýipdir. Olar ony
öňki ýerine, mugallymyň stolunyň üstüne goýupdyrlar.
Mugallyma okuw otagyna gaýdyp gelende, şol zadyň döwük ýatanyny
görüpdir-de, gyzlaryň birinden näme bolandygyny sorapdyr. Deň-duşlarynyň täsiri astynda bolan gyzjagaz ýalan sözläpdir. Soň mugallyma,
Kellä ýüzlenipdir. Kelli, edil birinji gyzyň edişi ýaly edip, özlerini goramagy
ynan edýän synpdaşlarynyň sessiz basyşyna seretmezden soraglara dogry
we çyn jogap beripdir.
Ertesi gün men Kellini ertirlik edinmek üçin biziň gowy görýän
restoranymyza eltdim we oňa guwanýandygymy, sebäbi deň-duşlary
tarapyndan geljek dartgynlylyga hem-de ýüze çykyp biläýjek ýakymsyzlyga seretmezden, dogry hereket edendigini aýtdym.
Şondan bäri çagalarymyň görkezen dogruçyllygynyň we bütewiliginiň
şatlygyny hem buýsanjyny köp gezek gördüm, sebäbi munuň ýaly
häsiýetiň örän seýrek duş gelýändigine men düşünýärin.Ýaňy-ýakynda
geçirilen sorag-jogabyň netijesi, häzirki ýokary synp mekdep okuwçylarynyň arasynda ýalanyň giň ýaýrandygyny görkezdi.
Orta we ýokary synp, ýagşy we iň ýagşy okaýan okuwçylarynyň
arasynda bu sorag-jogap alşygy geçirilip ýörkä, olaryň 80%-i öý işini
başgalardan göçürip, barlag işlerinde başgalara seredip, özleriniň
karam iş edýändiklerini boýun aldylar.1 Ýetginjekleriň we ýigrimi
ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen milli sorag-jogap alşygy,
olaryň deň ýarysynyň diýen ýaly (44%) „ýalanyň käwagt
zerurdygyna“ ynanýandygyny açyp görkezdi.2 Söwda merkezlerinde
ownuk ogurlyk etmeklik (we ownuk ogurlygyň beýleki görnüşleri)
Ata hakykaty
53
käbir mekdepleriň, jemgyýetleriň ýetginjekleriniň arasynda moda
hasaplanylýar.
Özüňi alyp barşyň hem-de garaýyşyň şunuň ýaly görnüşleri, diňe bir
„kyn çagalar“ diýilýänlerde duş gelmeýär. Olar ýygnaga gatnaýan
çagalaryň aklyňy haýran edýän mukdaryna, mesihi çagalara hem-de
mesihi maşgalalaryndan bolan çagalara hem mahsusdyr.
„Dogry zady nädogry zatdan tapawutlandyr“ kompaniýasynyň çäklerinde geçirilen barlag, mesihi ýaşlaryň arasynda ýalanyň we
ýalançylygyň howsala salýan ýokary derejesiniň üstüni açdy. Mesihilik
ýygnaklarynyň 3795 sany ýetginjegi bilen geçirilen sorag-jogap, her üç
çaganyň ikisi (66%) geçen üç aýyň dowamynda „ene-atasyna, mugallyma
ýa-da başga bir uly adama“ ýalan sözländigini boýun aldy. Birneme
azrak — ondan alty ýetginjek (59%) — soçky üç aýyň dowamynda
dostuny ýa-da deň-duşlarynyň birini aldandygyny boýun aldy. Bir
bölekden gowuragy (36%) edil şunuň ýaly döwrüň dowamynda
synaglarda ýa-da barlag işlerinde ýalana ýol berendigini boýun aldy.
Sorag edilenleriň altydan bir bölegi diýen ýalysy (15%) öňräk pul
bolmasa-da, başga biriniň emlägini ogurlandygyny aýtdy.
Bu barlaglar biziň ýaşlarymyzyň ýalana öňe süýşmek üçin „aňsat“ ýol
hökmünde seredýändigini görkezýär. Olar ýalançylyga deň-duşlaryny
ýeňmäge hem-de ene-atasyndan goldaw almaga ukyply bolan serişde
hökmünde garaýarlar. Olar hatda ýalan sözlemegiň erbetdigine-de ynanmaýarlar, sebäbi ýalançylygyň ýaramaz netijesini, dogruçyllygyň oňat
netijeleri bilen deň derejede, seýrek görýärler.
Ýöne men çagalarymda başga dürli garaýyşlaryň bolmagyny
isleýärdim. Men oglumyň we gyzymyň durnukly şahsyýet bolmaklaryny isleýärin. Men olaryň ýalan sözlemegini islemeýärin. Olaryň
meni ýa-da kim bolanda-da, başga birini aldamagyny islemeýärin. Men
olaryň özüne degişli bolmadyk zady, dükandaky kompakt-diski ýa-da
özlerine iş berýän adamyň wagtyny, almagyny islemeýärin. Men olaryň
hakykaty aýtmagyny isleýärin. Olaryň dogry durmuşda ýaşamagyny
isleýärin. Olaryň öz işleri bilen gümra bolmagyny, şeýdibem gündelik
durmuşynda töweregindäkileriň hormatyny gazanyp bilmegini
isleýärin.3
Men öwredýän, terbiýeleýän, şunuň ýaly durmuşy döredip bilýän ata
bolasym gelýär. Men, çagalary kakasynyň dogruçyllygyny, hakykatçylygyny ýatda saklaýan ata bolasym gelýär. Çagalary, özüne durnuklylygy
üçin hormat goýýan ata bolasym gelýär. Men özümiň Atam ýaly ata
bolasym gelýär.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
54
ATANYŇ KEŞBI
Müňlerçe ýyllar mundan özal Hudaý Sinaý ýarym adasyndaky daşkyrak
bir dagda Musa görnüp, aşakylar ýaly tabşyryk berdi:
Ogurlyketme
etme
Özýakynyňgarşysynaýalangüwäliketme.
(Çykyş20:1516).
Soň Hudaý Musa ýene görnen-de, tabşyryklaryny halka ýüzlendirip,
olary gaýtalady hem-de güýçlendirdi:
Ogurlyketmäň.Ýalansözlemäň.Biribiriňizialdamaň
ÝalandaMeniňadymdanantiçmäň.
Özýakynyňyynjytmawegarakçylyketme...
(Lewiler19:1113).
Ýalanyň, aldawyň, ogurlygyň näderejede ýigrenji zatdygyna, Öz
halkynyň — tabşyryklaryň üsti bilen — düşünmegi üçin Hudaý hemme
tagallalary edýär. Bu buýruklar, şeýle hem Hudaýyň — dogruçyllyk
ýörelgesini, hakykatçy, açyk we ynama mynasyp bolma ýaly — ýokary
baha berýän ýörelgelerini bize açyp görkezýär. Hudaý dogruçyllyga
ýokary baha berýär. „Ýalançy dodaklar Rebbe ýigrenjidir; dogrulyk bilen
işleýänleri bolsa Ol halaýandyr“ (Süleýmanyň tymsallary 12:22).
Ýöne dogruçyllyk ýörelgesi dogabitdi bolmaýar; sebäbi ol Rebbiň
tebigatyndan we häsiýetinden gelip çykýandygy üçin, Onuň sylagydyr.
Kyn ýagdaýda, dogrusyny aýdandygy üçin gyzymy ertirlik edinmäge
restorana äkiden günüm barada beren gürrüňim ýadyňyzdamy? Şol gün
säher men onuň özüni alyp barşyny goldamakdan başga ulurak zada
ýetmäge synanyşdym.
Özüne guwanýandygymy aýdanymdam soň, men ondan: „Eýjejigim,
näme üçin aldamak erbet zat bolýar?“ — diýip soradym.
„Sebäbi Mukaddes Kitapda munuň etbetdigi aýdylýar“ — diýip, ol
ynamly jogap berdi.
„Näme üçin Mukaddes Kitapda-da, munuň erbetdigi aýdylan?“ —
diýip, men dowam etdirdim.
„Sebäbi Hudaý şeýle diýdi“ — jogap şeýle boldy.
„Näme üçin Hudaý şeýle diýdi?“ — diýip, men soradym.
Edil men özüne daşary ýurt dilinde sorag beren ýaly, ol meniň ýüzüme
seretdi. Ahyrsoňunda ol: „Men bilemok“ diýip jogap berdi. Men onuň
Ata hakykaty
55
elinden tutdum-da, ýüzüne dikanlap seretdim. Özüne aýtmagy niýet
edinen zadyma onuň düşünendigine we ýatda saklandygyna men göz
ýetirmek isleýärdim. „Sebäbi, Kelli, Hudaý hakykatdyr. Hakykat
Hudaýyň tebigatyndan çogup çykýar. Şonuň üçin hem, Onuň tebigatyna
garşy bolýan zat, günädir“.
Dogruçyllyk-dogry zatdyr (ýalançylyk bolsa erbet zatdyr), sebäbi Reb
dogruçyldyr. Hakykat bilen dogruçyllyk Hudaýyň ýaradýan zady däl-de,
Onuň Özünde bar zatdyr. Musanyň soňky aýdymynda şeýle diýilýär: „Ol
galadyr; Onuň işleri kämildir ... Hudaý dogrudyr, Onda ýalan ýokdur; Ol
dogruçyl hem hakykatçydyr“ (Kanun taglymaty 32:4).
Ol „Ol ýalan sözlemeýän Hudaýdyr“ (Titus 1:2). Hudaý bir zat wada
etse, Oňa bil baglasa bolýandygyny, sebäbi „Hudaýyň ýalan sözlemeginiň
mümkin däldigini“ Pawlus aýdýar (Ýewreýler 6:18). Ýuwenalyň aýdyşy
ýaly, dogruçyllygyň göze görünmän geçmeginiň mümkindigine seretmezden, hakykatyň yranmaz we üýtgemeýän baky, hemmetaraplaýyn ülňisi
bardyr. Mukaddes Kitap: „...bütin adamlar ýalançy bolsa-da, Hudaý
dogruçyldyr“ (Rimliler 3:4).
Hudaý dogruçyl bolany üçin, ýalan Onuň tebigatyna ýigrenjidir.
Hudaý hakykatçy bolany üçin, aldaw Oňa garşydyr. Hudaý dogry bolany
üçin, ogurlyk Ony kemsidýär. Reb hakykatçydyr, Onda hiç hili ýalan zat
ýokdur. Hut Onuň tebigaty hem dogruçyllygy mertebe hökmünde,
ýalançylyk, aldawçylyk, we ogurlygy erbetlik hökmünde kesgitleýär.
Men Hudaýyň dogruçyldygyna, Hudaýa ýaraýan zatlaryň hemmesiniň
gowudygyna, Oňa garşy bolan zatlaryň hemmesiniň erbetdigine çagalarymyň düşünmegini isleýärin. Men öz atalyk wezipämde dogruçyl
Rebbiň keşbini şöhlelendirmek isleýärin. Öz çagalarymyň dogruçyllygyň
we dogrulygyň üsti bilen Onuň keşbini şöhlelendirmegini isleýärin.
Dogruçyllygyň, hakykatdan hem häsiýetiň iň gowusydygyna, onuň Rebde
gowy niýet döredýändigine, Onuň tebigatyny şöhlelendirýändigine, şeýle
hem Onuň tebigatyny daş-töwerekdäkilere görkezýändigine çagalarymyň
düşünmegini isleýärin.
Ýene bir gezek gaýtalaýaryn, bu zatlaryň hemmesine ýetmegiň açary,
biziň aýdyp geçen şol atalyk aragatnaşyklarymyzdyr. Bu özara gatnaşyk
menden doga etmäniň we Oňa gündelik ýüzlenmeleriň, Oňa boýun
bolmanyň üsti bilen Atam bilen hemişe birleşmekligi ynan edýär. Soň
men öz çagalarym bilen atalyk aragatnaşyklaryny döretmäge başlaýaryn. Şol aragatnaşyklarda men dürli ýollar bilen Atamyzyň keşbini
görkezýärin. Olar şulardyr:
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
56
DOGRULYK DURMUŞYNYŇ NUSGASYNY GÖRKEZMEKLIK
Reb:
GulaksalYsraýyl:RebbimizHudaý,ýeketäkRebdir.Öz
RebbiňHudaýybütinýüregiň,bütinjanyň,bütingüýjüň
bilensöý.GoýbusözlerbugünMeniňsaňa,seniň
bilensöý.GoýbusözlerbugünMeniňsaňa,
seniň ýüregiňe
ýüregiňe
tabşyransözlerimbolsun.Çagalaryňyolarauýdur,olar
baradaöýdeotyrkaňam,ýoldabarýarkaňam,ýatyrkaňam,
turanyňdadagürrüňet(Kanun
turanyňdadagürrüňet
(Kanun taglymaty 6:4-8)
diýende, biziň çagalarymyza hakykaty öwretmek üçin Ysraýyla nusga
berdi.
Eger öz çagalarymyza dogruçyllyga gürrüňsiz degişli bolan Mukaddes
Kitap gymmatlyklaryny görkezmek islesek, onda şol gymmatlyklary öz
durmuşymyzda nusgalyk etmegimizi Hudaýyň düşnükli beýan
edýändigini siz görýärsiňiz. Öz ýüregimize hem-de çagalarymyzyň aňyna
salmaga çalyşýarkak Onuň sözleri biziň ýüreklerimizde bolmalydyr.
Dennis Reýni özüniň „Şineleri gorap, haşal otlary goparyp“ diýen
kitabynda öz kakasy barada şeýle diýýär:
Duýgur oglanjyk bolanym üçin men kakamdan, onuň pikir edişinden
köp zady aldym. Meniň howply ýetginjek ýyllarymda ol meniň örän
mätäç bolan nusgam we gahrymanym boldy. Şu güne çenli hem
şollugyna galyp gelýär. Ol maňa agyr işiň wajyplygyny we ýerine
ýetirilen ýumşuň şatlygyny açyp görkezdi. Ol maňa dowamly borjy
saklamaklygy öwretdi. Mende hiç haçanam ene-atam aýrylyşar
diýen gorky ýokdy. Meniň kakam ejeme örän ysnyşyklydy. Men
özümi ygtybarly hem-de goragly duýýardym.
Ýene-de has wajybrak zatlaryň biri-de, ol maňa häsiýetiň nämedigini görkezdi. Özüni hiç kim synlamaýan bolsa, hem ol hemişe
bolmalysy ýaly hereket edýärdi. Onuň girdejini salgytdan ýaşyrmak
barada gürrüň edenini men hiç haçan eşitmedim. Ol salgytlary
hemişe töleýärdi we munuň üçin hiç haçanam hüňürdemeýärdi.
Onuň dogrulygy geň galdyryjydy. Onuň ýalan sözlänini men hiç
haçanam eşitmedim. Onuň gözleri bolsa hemişe dogry jogap ynan
edýärdi. Onuň häsiýetiniň pikirimdäki keşbi şu wagta çenli-de meniň
şu günki durmuşymy iýmitlendirýär hem-de güýçden doldurýar“.4
Menem hut şuny isleýärin. Çagalarymyň, mende öz Atamyň keşbini
Ata hakykaty
57
görmegini isleýärin. Bu, eger men öz gyzymyň ogurlyk etmegini islemesem, onda ofisant ýalňyşyp az töleg çekini goýsa-da, nahar üçin dogry
tölemelidigimi aňladýar. Bu, eger men oglumyň aldamagyny islemeýän
bolsam, onda işdeşimiň pikirini edil özümiňki ýaly edip ulanmalydygymy
aňladýar. Bu, eger men çagalarymyň ýalan sözlemegini islemeýän bolsam,
onda olara gaty kyn bolsa-da, gelşiksiz bolsa-da, özümi oňaýsyz ýagdaýa
salýan bolsa-da, hemişe hakykaty aýtmalydygymy aňladýar. Mundan
başga-da, men bu zatlaryň hemmesini, diňe çagalar ýakynda wagty dälde, ýanymda däl wagty hem etmelidirin, sebäbi men bu barada bilýärinmi
ýa-da bilmeýärin, ýöne olar meni, özümiň pikir edişimden has ýakyndan,
has ýygy-ýygydan köp synlaýarlar.
AÇYKLYGY WE DÜŞNÜKLILIGI TERBIÝELEMEKLIK
Meniň dostum Norm Ueýkfild, öz ogly Joýeliň oýlanyşyksyz gelen
karary netijesinde ýüze çykan ýakymsyzlyk döwri başdan geçirişi barada
gürrüň berdi. Bir gezek olar bile gezelenje çykýarlar. Şonda Joýel kakasy
bilen öz kynçylyklaryny paýlaşýar. Olar gürrüňleşip ýöräp barýarkalar,
Norm, öz durmuşyndaky şuňa meňzeş wakany ýatlap ugraýar. Ol hem
oýlanyşyksyz hereket edip, soň hem netijesini çekip, şunuň ýaly ýagdaýa
düşüp görüpdi.
Öz başyndan geçiren wakasyny ogly bilen paýlaşan Norm Joýele,
eden hereketine gözüni ýumup bilmejegini duýdursa-da, ony günäsizlik
sütüniniň beýikliginde oturyp ýazgarmaýandygyny görmäge kömek
edýär. Normuň oglunyň öňündäki açyklygy hem-de dogruçyllygy Joýele
kakasynyň özüne kazy däl-de, ýoldaş bolmak isleýändigini görmäge
ýardam etdi. Bu Joýeli uly açyklyga ruhlandyrdy we Norma ýagdaýy
ölçerip- dökmekde ogluna kömek etmäge mümkinçilik berdi.
Aslyýetinde, çagalarda dogruçyllygy terbiýelemeklik, bizden olaryň
öňündedogruçyl bolmaklygy ynan edýär. Ýygnaga gatnaýan çagalar bilen
geçirilen sorag-jogap alşygy — men babyň başynda şol sorag-jogabyň
netijesine salgylanypdym — 37% çaganyň — üçden birinden köpüräginiň
— ene-atasynyň özüniň mamla däldigini ýa-da hädorgy hereket edendigini
örän seýrek ýa-da hiçhaçan boýun alanyny eşitmändigini ýüze çykardy.
Eger özümiz çagalarymyz bilen gatnaşyklarymyzda dogruçyl bolmak
islemeýän bolsak, onda olara dogruçyl bolmagyň wajypdygy hakda aýtmagyň peýdasy azdyr. Ynanaýyň, öz bimamladygyňy boýun almak örän
kyndyr, ýöne dogruçyllyga gadyr goýýan çagalary terbiýelemekçi bolýan
bolsak, onda muny etmek möhümdir.
Ýaňy-ýakynda biz aýalym we çagalarym bilen bilelikde Koliforniýa-
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
58
dan Tehasa göçdük. Şonda meniň on bäç ýaçly gyzym Keýti göçegöçlügiň yzyny birneme dowamly wagtyň içinde düzetmekçi boldy. Bir
gezek agşam, Keýti bir tarapdan özüniň içki göreşini görkezýän pikirini
aýtdy. Menem gaharlandym-da, birnäçe gödek sözleri aýdyp, onuň bilen
sögüşdim.
Ol öz otagyna gitdi, menem ýatmaga gitdim. Çärýek sagat geçenden
Dotti meni oýardy-da:
„Sen gidip, Keýtiden ötünç sora. Aýdan zatlaryň bilen sen onuň
göwnüne gaty degdiň“ — diýdi.
Men ýatmak isläp (şeýle hem tekepbirlik sebäpli): „Ýok, men ertir
irden munuň aladasyny ederin“ — diýip samyrdadym.
Emma Dotti öz diýenini tutup: „Näme diýseňem munuň aladasyny
häzir etmeli“ — diýdi.
Şonuň üçin men turup, geýindim-de, gyzymyň otagyna baryp,
ondan ötünç soradym. Oňa bolmalysy ýaly jogap bermän bimamla
bolandygymy boýun alyp, gaty gynanýandygymy aýtdym. Gyzymyň
öňündäki ýeňil bolmadyk dogruçyllyk pursatymyň, meniň islendik
bir hereketime garanda, biziň özara gatnaşyklarymyzda bolşy ýaly,
onuň dogruçyllyga düşünüşi üçin hem uly ähmiýetli bolandygyna
ynanýaryn.
Agzymyzdan gödek söz sypyp çykaýsa, muny Hudaýyň we çagalarymyzyň öňünde boýun alyp, ýagdaýy düzetmegimiz, eger mümkin
bolsa hereketi dowam etdirmegimiz gerek. Çagalar munuň ýaly zada
hormat goýýarlar. Olar muny ýatda saklaýarlar, hatda geljekde şunuň
ýaly edip hem bilerler.
DOGRUÇYLLYGY TERBIÝELEMEK
„Dogryny nädogrudan tapawutlandyr“ atly kompaniýanyň çäklerinde
çykyş edip, bütin Amerika syýahat edip ýörşüme, mekdepleriň we
kollejleriň ýüzlerçe okuwçylaryny, garaýyşlarymda maňa birikmäge
çagyrdym. Märekäniň öňünde duran ýerimden: „Sen mesihimi?“ — diýip
soraýardym.
Köplenç ýaş ýigit: „Hawa“ diýip jogap berýärdi. Soň men: „Ene-ataň
ynanýarmy?“ diýip soraýardym.
Ýene-de kanagatlanarly jogap berilýärdi.
Soň men şeýle sorag berýärdim: „Aýdaly, sen şeýle bir ýagdaýa
düşdüň. Şonda ýalan seni haýsydyr bir ýakymsyz ýagdaýdan alyp çykyp
bilýär. Şonda sen ýalan sözlärmidiň?“
Şonda, hiç bolmanda kimdir biriniň — onda-da bütin ýygnanyşygyň
Ata hakykaty
59
öňünde ýalan sözlemejegini aýdandygy meniň hakydama gelenok. Men
Kanadadaky Mukades Kitap kollejine-de bardym. Şol ýerde garşydaş
jogap aljagyma ynanýardym. Emma üç müň adamdan ybarat bolan
mähelläniň içinden bir ýigit: „Hawa, men-ä ýalan sözlärdim“ diýdi (hiç
bolmanda ol özüniň edäýjek ýalançylygy babatda dogrusyny aýtdy).
Ýaş ýigitler şeýle diýip boýun alandan soň, men soramamy dowam
etdirip şeýle diýidm: „Ýalan sözlemegiň erbet zatdygyny size ene-ataňyz
öwretmedimi?“
Olar hemişe: „Hawa“ diýip jogap berýärdiler.
Men dowam edip: „Ýagşy, ýalan sözlemegiň erbetdigini olar size
nädip öwretdiler?“ diýip soraýardym.
Hemişe: „Olar ýalan sözlemegiň erbetdigini, sebäbi Mukaddes Kitapda «ýalan sözleme» diýip ýazylandygyny maňa aýtdylar“ diýen üýtgewsiz
jogap berilýärdi.
Ine, şu ýerde men: „Mukaddes Kitapda näme üçin seniň ýalan
sözlemeli däldigiň aýdylýar?“ diýip, tutuş söhbetdeşligiň dowamyndaky
iň esasy soragy berýärdim. Şu güne çenli ýekeje adamyň hem şu soraga
jogap berenini eşitmedim.
Görýärsiňizmi, nähili bolýar? Biziň çagalarymyz, mysal üçin, „ýalan
sözleme“ diýen tabşyrygy bilýärler, emma bu olaryň bar bilýän zatlary.
Olar hakykatyň özüni görmeýärler. Olar bu tabşyrygyň aňyrsynda kimiň
durandygyny görmeýärler.
Ine, näme üçin, çagalarymyza dogruçyllygyň ähmiýetine bolan
düşünjäni, şeýle hem dogruçyllygyň gowudygy, sebäbi Hudaýyň Özüniň
dogruçyldygy baradaky hakykaty guýmak üçin islendik mümkinçilikden
peýdalanmalydygymyza men ynanýaryn.
Mysal üçin, siz telewizordaky eşiden täzeligiňize ýa-da ýakynrakda
duran maşynyň işläp duýduryjy signalyna üns berip, şondan peýdalanyp
bilersiňiz. Muny, eger her bir adam Reb ýaly dogruçyl bolan bolsa, biziň
dünýämiz gowy tarapdan näderejede tapawutlanardy (şonda bize
öýlerimizi ýapmak, zatlarymyzy zynjyrlar bilen daňmak ýa-da duýduryjy
signallary goýmak gerek bolmazdy) diýen mesele boýunça gürrüň etmek
üçin ulansa bolar. Şunuň ýaly ýagdaýlar, Hudaýyň dogruçyldygyna we
hakykatdan püre-pürdigine hem-de özümiz dogruçyl bolsak, onda şeýdip,
Oňa bolan hormatymyzy görkezýäris diýen ýaly zatlara bolan düşünjäni
güýçlendirip biler.
Şeýle hem siz dogruçyllyk düşünjesini güýçlendirmek üçin bir zat
satyn almaga gidişiňizi ulanyp bilersiňiz. Goý, puly kiçiräk çagalaryň
özleri kassa tölesinler ýa-da şaýlyklary söwda awtomatlaryna taşlasynlar.
Siz bolsa, şunuň ýaly pursatda dogruçyllygyň näme üçin iň gowy häsiýet
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
60
bolýandygyny gysgaça düşündirmäge azajyk pursat tapyň. Birneme ulurak çagalar bilen, dükanlaryň köplenç bahalary galdyryp, ownuk ogurlyklar zerarly bolan ýitgileriň öwezini dolmaly bolýandygy, şu sebäpli
çyn dogruçyllygyň ejir çekýändigi hakda gürrüň ediň.
DOGRUÇYLLYGY GOLDAMAK
Entek çagalarymyz kiçijikkä, aýalym ikimiz käbir ýagdaýlara baş galdyryp, çagalarymyzda köplenç karamlyk terbiýeländigimize düşündik.
Mysal üçin, otaga girenimizde çagalaryň birini we döwülen lampany
görsek, onda hökman: „Lampany sen döwdüňmi?“ diýip soraýardyk. Ýada çaganyň sesine ylgap baranymyzda, olaryň biriniň aglap, beýlekisiniň
hem ony köşeşdirjek bolup duranyny görsek, hemişe howsalaly görnüş
bilen: „Uýaňy sen urduňmy?“ diýip soraýardyk.
Bir gezek, çagalara şeýle darasak, olara dogry jogap bermegiň gaty
kyn bolýandygyna düşündik. Biz çaga beýnisinde göýä: „Menbusora
gyň dogry jogabyny bilýärin; ol dogry jogap meni ýakymsyzlyga
alyp barar; men ýalan sözlemäge çalyşaýyn, göreýin hany kömek
etmezmikä“diýip aýlanyp duran kiçijik tigirjikleri gören ýaly bolduk.
Göwnümize. biz, şeýle soraglary bermek bilen çagalardaky ýalançylygy
goldaýan ýaly bolduk. Olaryň öňünde ýalan sözleme zerurlygy peýda
bolýardy. Şonuň üçin biz olara dogry jogap bermekleri üçin köpüräk
mümkinçilik berme kararyna geldik. Biz (gaharly däl-de, salykatly görnüşde): „Bu lampany sen döwdüň, şeýle dälmi?“ ýa-da „Näme üçin sen uýaňy
urduň?“ diýip sorag berip başladyk. Biziň öňki usulymyz ýalançylygy
goldaýardy, täze tärimiz bolsa dogruçyllygy goldaýardy.
Birneme soňrak biz çagalarymyzda dogruçyllygy goldamagyň başgada ýollaryny tapdyk. Biz takal okamanyň, tankydyň, käýemäniň iň gowy
çemeleşme däldigine düşündik. Bize çagalarymyza tertip-düzgünleriň
taýýar sanawy bilen ýüzlenmäge synanyşygymyzy çäklendirmek gerek.
Çagalar güýçli diýenetmezligi üçin biziň gaharymyzyň gelýändigini
hemişe duýup durmalydyrlar, ýöne bu ýagdaý ýygy-ýygydan bolmaly
däldir hem-de olardaky oňat taraplary belläp, gowy sözler bilen
ýuwmarlanmalydyr.
DOGRUÇYLLYGY SYLAGLAMAK
Meniň ata bolan ilkinji ýyllarymy „şöhratly ýyllar“ diýip atlandyrmak
örän kyn bolar. Men, ene-atanyň esasy wezipesi çagalary günäden
saklamaklykdyr öýderdim. Men özüme: „Eger men çagamy jezalandyr-
Ata hakykaty
61
masam ýa-da aýnatmasam, onda bu Hudaýyň öňünde gelşiksiz bolar“
diýýärdim. Men rehimsiz däldim, ýöne şol ilkinji ýyllarda „zabun häsiýetli“
diýilýänlerden bolan bolmagym ahmal. Olar bir zat etseler hemişe
ýazgarmaga howlugýardym, gowy bir iş etseler öwmeýärdim.
Mysal üçin, aýdaly, men otagymda oturyp, kitap ýazýaryn. Kitap
ýeňil ýazylýar, sözlerem ýüzugra tapylýar. Şonda Dotti içerik girýär-de:
„Ezizim, Şon häzirjek mekdepden geldi, gündeligem durşuna bäşlik“
diýýär.
Şonda meniň: „Mähribanym, bu gaty gowy, men häzir babyň ortasyna bardym, Men onuň bilen agşamlyk naharynyň başynda gürleşerin“
diýäýmegim gaty ahmaldy.
Agşamlyk naharyň başynda men onuň gündeligi barada ýatlap,
gürrüň edip bilerdim, muny ýatdan çykarybam bilerdim. Emma Dotti
ýanyma gelip, „Ezizim, Şon häzirjek Keýti öz otagyna gireni üçin urdy“
diýen bolsa, onda men stoluň başynda atylyp turup gidip, derrew oňa
takal baryny okardym. Üstünde işläp oturan babymam, şeýle wajyp
bolmasyny bes ederdi. Bu mesele agşamlyk naharyna çenli garaşdyrylyp
goýulmazdy. Men muny gaýragoýman etmelidim.
Bu günki gün bütin ýurt boýunça ýetginjekleriň öňünde çykyş
edemde, takmynan, ýigrimiden on bäş çaganyň öz öýünde hut şunuň
ýaly bolýandygyny aýtjagyny bilýärin. Eger olar erbet bir zat etseler,
özlerine ene-atasynyň ünsüni has tiz çekerler. Uly gyzymyň on ýaşy
dolanda, özümiň nädogry edýändigime düşündim.
Bir gezek men „Ussat menejer“ diýen kitaby okadym. Bu kitabyň
awtorlary menejerleri „bir zady dogry edýärkäler üstünden baryp“, olara
sag bolsunyňy we minnetdarlygyňy bildirmek üçin, gol astyndaky
adamlaryna üns berip ýöremeklige çagyrýar. Bu jümle meniň garaýşymy
düýbünden üýtgetdi. Şondan soň men özüme „atanyň şygaryniň“ täzesini
edindim. Bu şygaryň sözleri: „Çagalaryňy gowy işleriniň üstünde
tutmaga çalyş“ diýen sözler boldy. Kelliniň öý işlerini edip oturanyny
görenimde: „Akyllyjam, seniň okaýşyň maňa ýaraýar“ diýýärdim. Otaga
giremde Keýtiniň oýnawaçlaryny ýygnap oturanyny göräýsem: „Keýti,
öz oýnawaçlaryň hakda alada edýändigiň üçin men şat“ diýýärdim.
Çagalary haýsydyr bir gowy işiň üstünde tutmaga çalyşmakda jemlenen
bu tärim, meniň olara bolan garaýşyma uly täsir etdi, bu, olaryňam
özüni alyp barşyndaky kanagatlanarly tarapy diýip pikir edýärin.
Bu täri, esasam hem, dogruçyllygy ýüze çykarmakda ulanmaga
çalyşdym. Çagalarym dogruçyllyk edenlerinde, munuň üçin olary
sylaglamak üçin, men beýle pursaty sypdyrmazlyga çalyşýaryn. Bu
kassa dogry tölenen pul ýa-da belli bir borjuň ýerine ýetirilmändigini
62
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
boýun almaklyk bolmasa-da, bergisini wagtynda bermeklik bolup biler.
Şular ýaly zatlardan soň, men berekellasyny ýetirmeklige we mysal
üçin, bir sagat giç ýatmaga rugsat bermeklige ýa-da hepdelik berilýän
puluň üstüne birneme ýene goşmaklyga gysganmaýaryn. Bu zatlary
ýöne bir: „Men seniň dogruçyllygyňa ýokary baha berýärin“ diýmek üçin
edýärin.
DOGRUÇYLLYKDAN GELEN ŞATLYGY PAÝLAŞYP...
Dogruçyllygyň özümizi goraýan we bize bähbit berýän dürli ýagdaýlaryny
görkezmek üçin men her bir mümkinçilikden peýdalanýaryn. Hudaýyň
dogruçyllyk, ülňileriniň, adamlara hiç hili erbet täsir etmezden we olary
yzda galdyrmazdan, hakykatdanam ajaýyp netijelere nädip eltip bilýändigini görkezmäge synanyşýaryn.
Men, dogruçyllyk ülňülerine laýyklykda hereket edýän ýigitleriň
günälilik ýükünden azat bolýandygyny olara ýatladýaryn; siz dogruçyl
bolsaňyz, töweregiňize ýalt-ýult edip ýöremegiň zerurlygy ýokdur. Men
„hakykaty gürleýän“ mesihiniň Rebbiň öňünde sylag hökmünde „arassa
elleri we arassa ýüregi“5 alýandygyny çagalarymyň aňyna ýetirmek
isleýärin.
Men olara dogruçyllyk endiginiň, ýalanyň üsti açylmagy netijesinde
peýda bolýan utançdan we oňaýsyzlykdan adamy goraýandygyny
görmeklige kömek etmäge synanyşýaryn. Men çagalaryma, ýalanyň
netijesinde alynýan miwäniň boşlugy we gysga ömürliligi bilen
tapawutlanýandygyna, dogruçyllygyň netijesinde gelýän kanagatlanma
duýgusynyň dowamly we şatlykly bolýandygyna akyl ýetirmäge kömek
edýärin.
Men, Hudaýyň dogruçyllyk ülňileriniň, ynamdar şahsyýet adyna
mynasyp bolmaga kömek edýändigini çagalarymyň görmegine kömek
edýärin. Mukaddes Kitapda: „Ýagşy at uly baýlykdan ileri tutulmalydyr,
abraý kümüş we altyndan gowudyr“ (Süleýmanyň tymsallary 22:1)
diýilýär. Dogruçyllyk ülňileriniň öz aragatnaşyklaryny goraýandygyna
we baýlaşdyrýandygyna düşünmäge öz çagalaryma kömek edýärin.
Esasy gatnaşyklaryň düýbüniň özi ynamyň üstünde gurulýar. Ynam
bolsa ýalanyň atmosferasynda ýaşap bilmez. Ynam elementi gyssagly
we uzak dowam etjek gatnaşyklary guranda hökman gerekdir. Äraýallyk kasamy hem, iş ylalaşyklary hem, baglaşdyryjy we güýçlendiriji
element hökmünde ynamy goldaýar. Ynam görnüşindäki kuwwatly
esasyň, pula satyn alyp bolmajak, nädogry ýol bilen gazanyp bolmajak
zat bilen üpjün edip, özleriniň aragatnaşyklarynyň hilini gowulaşdyrjak-
Ata hakykaty
63
dygyna we baýlaşdyrjakdygyna çagalarymyň doly akyl ýetirmegini
isleýärin.
ÇAGALARA ÖZLERINDE DOGRUÇYLLYK ÜLŇILERINI
TERBIÝELEMÄGE KÖMEK EDIŇ
Hudaýyň dogruçyllyk ülňisini terbiýelemekde çagalara kömek etmek,
Ata Hudaýyň keşbine tarap ymtylýan her bir ata üçin ýokary derejeli
wezipe bolmalydyr. Çagalarymyz biziň durmuşymyzda Hudaýyň gymmatlyklaryny görüp, ynamdar gürleýşimizi eşidip bilerler. Ýöne olar bu
gymmatlyklary özlerinde terbiýeleýänçäler, eglişikli çözgütler üçin ejizligine galarlar.
Çagalarymyz dogry jogaplary bilseler-de, nädogry hereket edip
bilerler. Meniň maksadym, çagalarymy Isa Mesihe hormat goýmaga we
jogapkärçilikli, öndürijilikli, hem-de Onuň bilen gatnaşyklardan akyp
çykýan başgalara bagyşlanan durmuşda ýaşamaga we şol özara
gatnaşyklaryň netijesi hökmünde durmuşda boýun bolmaklyga mejbur
edýän içkiesasy terbiýelemekdir.
Gymmatlyklary terbiýelemeklik dowamly döwürdir. Ol maglumatlardan başlanýandyr. Men çagalaryma dogruçyllyk, ondan gelýän şatlyk
we ş.m. barada gürrüň berip, köp wagtymy sarp etdim. Şeýle-de bolsa,
bu hemmesi däldir.
Hakykat bilen hereketetmeklik, bu döwürde indiki basgançak bolup
durýandyr. Men çagalaryma işleriň hakykata dogry gelýändigini ýa-da
däldigini, olaryň dürli ýagdaýlarda nähili ulanylýandygyny barlap
görmegi teklip edýärin. Hut şu ýerde hem siz, atalar, çaga bilen
oýlanyşykly, geçirimlilik, gyzyklanma bilen gürleşip, işjeň goşulyp
bilersiňiz. Onuň özünde-de soramaga isleg döredip, oňa sorag beriň.
Täze nukdaýnazarlary, täze zatlary we täze hakykatlary gözläň. Siz bu
zatlary, pikirleriň we şahsyýetiň esaslarynyň döremegine tarap alyp
barmak bilen, öz çagaňyz üçin onuň özi bilen bile edýärsiňiz.
Maglumatlary bermekden we hakykat bilen özara gatnaşykda
bolmadan soňky üçünji basgançak — bu netijeleri (maglumatlary hem
özara gatnaşyklary) olaryň durmuşyna ornaşdyrmakdyr. Ýagny, men
çagalaryma öwredilen zatlaryň, olaryň özleriniň öwrenen zatlarynyň
içinden synagyň hem-de synanyşmagyň üsti bilen geçmäge kömek
etjek bolup çalyşýaryn. Men olara, özleriniň öwrenen, iş ýüzünde synap
gören hakykatyna eýermegiň tejribedäki usullaryny işläp düzmekde
kömek etmäge synanyşýaryn. Şonda men olara şeýleräk sorag berýärin:
„Bu seniň gündelik durmuşyňda nähili görner?“ ýa-da „Bu seniň maşyn
64
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
sürşüňe, ýa-da öz işiňi edişiňe, mugallyma jogap berşiňe täsir edermi?“
Terbiýelemek döwri öz içine şulary alýar: 1) maglumat bilen üpjün
etmeklik, 2) synaglar arkaly hakykat bilen hereket etmeklik, 3) haýsydyr
bir durmuşy ýagdaýda hakykat bilen hereket etmeklik. Rebbiň hakykatyny
terbiýelemek döwri bütin ömrüňe dowam edýändir. Adam
gymmatlyklarynyň ulgamyny döretmeklik, ýigitlik döwründen ir bolmadyk döwürde başlanýar. Bu ýaşdan kiçi çagalaryň howaýy pikirlere
düşünmäge akly ýetmeýär. Eger ata, olaryň çagalyk ýyllarynda Hudaýyň
dogruçyllyk ülňisini görkezýän ýa-da öwredýän bolsa, onda çagalar ol
çeşmeleri geljekde ulanmak üçin ätiýaçlyk edip goýýarlar. Çagalar
ulaldygyça we ýetginjeklik ýaşyna ýetdigiçe, Hudaýyň ülňülerini
terbiýelemekde olara kömek etme işi hem has güýçlenýär.
Terbiýelemäge degişli ýene-de bir wajyp ýörelge bar. Men ol barada
size aýtmak isleýärin: çagalarymyzyň gymmatlyklar ulgamynyň,
özümiziňki bilen bir almany iki bölen ýaly meňzeş bolmagy hökman
däldir. BizözözümiziklonetmekislämizokanyrynHer bir çaga öz
başyna ýeke-täk hem aýratyn şahsyýet bolup durýar. Çagalaryň şol bir
zatlara başgaça garaýşy bolup biler. Olar dürli ugurlarda has ukyplyrak
bolup bilerler, hatda käwagt biziň bilen ylalaşman hem, şeýle-de bolsa,
özlerine mahsus bolan gymmatlyklara degişli Mukaddes Kitap
taglymatyna eýerip hem bilerler. Eger olaryň Reb bilen özara
gatnaşyklary berk esasly bolsa, düşnükli Mukaddes Kitap ülňilerine
garşylyk görkezmeseler, onda olar siziň pikir edişiňiz ýaly pikir
etmezlikde özlerini azatlyk bilen üpjün edip bilerler. Öz gymmatlyklar
ulgamyna ýa-da onuň şeýle edip bilme hukugyna ene-atasy hormat
goýýan çaga bagtlydyr.
Doguçyllygyň nusgasyny görkezmek, açyklygy we düşnükliligi terbiýelemek, dogruçyllygy terbiýelemek, dögruçyllygy goldamak, dogruçyllygy sylaglamak, dorguçyllykdan gelen şatlygy we oňat pursatlary
paýlaşmak, Hudaýyň dogruçyllyk ülňilerini berkitmekde çagalara kömek
etmek — bu ýedi düýp tutujy bolup durýan ugur, Hudaýyň güýji bilen,
sizden nähili ata bolmak isleýän bolsaňyz, şonuň ýaly atany hem
döretmekde, sizi köp zatlara ýetirmäge ukyplydyr.
Şunuň ýaly ýetilen derejeler size dogruçyl şahsyýet bolan, dogruçyllyk abraýy özüne töweregindäkileriň hormatyny we sylagyny gazandyryp biljek çagalary ulaltmaga kömek eder. Olar size dogruçyllyk bilen
ýetilen derejäniň gymmatyny, ýalançylyk bilen ýetilen zatlaryň boşlugyny
bilýän çagalary ösdürip — ýetişdirmäge kömek eder. Olar size ýalançylygyň netijelerinden gaça durýan, dogruçyllygyň miwelerine şatlanýan
çagalary ýetişdirmäge kömek eder. Olar size bil baglamak mümkin bolan
Ata hakykaty
65
çagalary ýetişdirmäge kömek eder.
Olar size, öz atasynyň we biziň Atamyzyň keşbini janlandyrjak çagalary ösdürip — ýetişdirmäge kömek eder.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Joşuň şu bapda Kellä beren soragyna siziň çagalaryňyz nähili jogap
bererdi? Şu soragy çagalaryňyzyň her birine bermek üçin şu hepdäniň
içinde wagt belläň, bu soraglary Hudaýa hakykat çeşmesi hökmünde
düşünmeklige, çagalaryňyzy
düşünmekli
laryňyzy gönükdirmek üçin ulanyň.
2. Öz çagalaryňyzyň öňünde dogrulygyň nusgasyny görkezmek üçin siz
näme edersiňiz? Siziň gaty bir dogruçyl bolmadyk ulgamlaryňyz hem
barmy (dogry jogap beriň!)? Size bu ulgamlarda nämeleri üýtgetmek
gerek? Jikme-jik jogap beriň.
3* Şu hepde-de ony hakykat ýüzüne geçirmek üçin, öz çagalaryňyzda
dogruçyllygyň hakykatdan hem hereketiň iň gowusydygyna bolan
düşünjäni ösdürmek we güýçlendirmek maksady bilen, „Dogruçyllygyň
terbiýelenmekligine“ bagyşlanan bölümden az bolanda bir sözlem
saýlap alyň.
4*. Şu hepde-de çagalaryňyzyň her birini dogruçyl hereketiniň üstünde
tutmaga çalyşyň. Bu mümkinçilige şatlanýandygyňyzy beýan etmek
we dogruçyllyk üçin sylaglamak üçin ulanyň.
5. Aşaky sözlemleri gutaryň:
Bir gezek men .................................................................................
ýalançylyk üçin almytymy almaly boldum.
Bir gezek men ..................................................................................
dogry hereket edenim üçin sylaglandym.
Eger ýokarda ýazan wakalaryňyzy çagalaryňyz bilen dogry we açyk
paýlaşmaga mümkinçilik bolsa, onda olary ýalanyň we dogruçyllyk
üçin sylaglamanyň netijesiniň şekillendirilmesi hökmünde ulanmaga
taýýar boluň.
YNAMA MYNASYP ATA
6
Piter Pen baradaky ertekiniň häzirki zaman görnüşi bolan Stiwen
Spilbergiň „Gaňyrçak (ildirgiç?)“ diýen filminde, köp çagalaryň ýüreginiň we aklynyň näzik taryna degýän bir waka bar.
Robin Wilýamsyň rolunda oýnaýan Piter Benningi, köp sanly borçly,
işi ugruna bolan telekeçi bolýar. Maşgalasy bilen Angliýa gitmeziniň öň
ýanyndaky gijede ol örän wajyp bolan telefon jaňyna jogap berýär. Ol
ertir irdene diýseň wajyp bolan iş duşuşygyny belleýär. Şol gün irden
onuň oglunyň oýnaýan beýsbol komandasynyň möwsümdäki jemleýji we
iň wajyp oýny bolmalydy.
Onuň ogly Jek kakasy tarapa öwrülip, muny oňa ýatladýar.
Iş duşuşygy uzaga çekmez diýip pikir eden ata: „Men hökman
bararyn, meniň sözüm sözdür“ diýýär.
Ertesi gün Piteriň duşuşygy uzaga çekende, ol öz işgärini oglunyň
oýnuny görmek hem-de „meniň görüp bilmejek hemme zadymy“ wideo
düşürmek üçin stadiona wideokameraly goýberýär.
Bu işgär, Jegiň soňky pökgini urmaga taýýarlanýan pursatynda gelýär.
Oglan kakasyny tapmak üçin adamlaryň oturan tarapyna seredýär. Emma
onuň deregine ejesiniň ýanynda eli wideokameraly oturan bigäne bir
adamy görýär. Jegiň ýüzi lapykeçlik bilen örtülýär, ol pökgi beriji tarapa
öwrülýär we topy oýun meýdançasyndan daşaryk urýar.
Piter seýilgähe gelýär. Uly goh bilen maşynyny saklaýar-da, üstünden stadion görnüp duran depäniň üsti bilen meýdança tarap ylgaýar.
Görse beýsbol meýdançasy boşdy. Hemmeler öýlerine gidipdir.
Edil şol günüň özünde bütin maşgala Londona uçýan uçara münýär. Uçar
ýokary galyp başlanda Piteriň gyzy kakasyna görkezýär-de, şeýle diýýär:
„Seret, Jek näme çekipdir“. Ol ýüzüne ýalynly oda gurşalup, okeana
gaçyp barýan uçaryň suraty çekilen kagyzy görkezýär. Uçaryň
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
68
gapdalynda-da, betbagtçylyga uçrap, uçardan böken dört adam çekilipdir. Ýöne olaryň diňe üçüsinde paraşýuty bardy.
Piter, kellesiniň ýokarsyndaky goş goýulýan ýere beýsbol pökgüsini
gahar bilen tarkyldadyp goýan oglunyň ýanynda oturýar.
„Jek, näme üçin meniň paraşýutym ýok?“ — diýip soraýar.
„Biljek bolup synanyş“ — diýip, ogly jogap berýär.
Birnäçe minut geçenden soň, Piter şeýle diýýär: „Jek, indiki möwsümde
men seniň ähli alty oýnuňa-da barjak“.
„Köpüräk wideoplenka satyn almagy unudaýma“ — diýip, ogly awuly
jogap berýär.
„Men söz berýän, meniň sözüm demir ýalydyr“ — diýip, Piter
nygtaýar.
„Hawa-la, demirem posludyr“.
Bu ýagdaýlar ajy tolgunma döredýär, sebäbi şeýle ýagdaýlar köp
atalara, ogullara, gyzlara diýseň tanyşdyr. Çagalaryny gowy görseler-de,
wadasyny bozýan atalar gaty köpdür. Çagalarynyň lapyny keç edýän
atalar diýseň köpdür. Ilki çagalaryna wada berip, soň ony berjaý etmän,
olarda hasrat we umytsyzlyk duýgusyny döredýän ata örän köpdür.
Wada bozulmasy bilen baglanyşykly bolan üzülen umytlar we ýürek
aladalary özlerine tanyş bolan köp çagalar hem bar.
Men munuň ýaly ata bolmak islemeýärin. Men çagalaryma beren
wadamda durmak isleýärin. Men olaryň özüme ynanmaklaryny isleýärin.
Olaryň öz sözüme ynanyp bilmeklerini isleýärin. Kakalarynyň hemişe
wadasyny ýerine ýetirýändigini, öz sözüniň eýesidigini, aýdan zadyny
edýändigini çagalarymyň görmegini isleýärin. Men özümiň Atam nähili
bolsa, şonuň ýaly bolmak isleýärin.
YNAMA MYNASYP ATA
Hudaýyň Öz wadalaryny irden ýerine ýetirjegine doly ynanmak bolar.
Munuň duzsuzrak eşidilmegi mümkin, ýöne Hudaýyň sagdyn garaýyşlary — atalygyň sagdyn garaýyşlary — üçin berk esas bolup durýandyr.
Biziň Atamyz wadalaryny gürrüňsiz ýerine ýetirýär. Onuň tebigatynyň
özi dogrulyk bilen hakykylykdyr:
Rebbiňmerhemetibilenbizýitipgitmedik,çünkiOnuň
rehimdarlygytükenmedi.Olhergünsähertäzelenýär;
Seniňdogrulygyňbeýikdir!Meniňjanym„Rebmeniňbir
bölegimdir“diýýär,şeýdipOňabilbaglaryn(Ýeremiýanyň
bölegimdir“diýýär,şeýdipOňabilbaglaryn
(Ýeremiýanyň
agysy 3:22-24).
3:22-24).
Ynama mynasyp ata
69
HudaýyňähliwadalaryMesihde„hawadyr“.Şonuňüçin
bizarkalyHudaýaşöhratbolarýaly,omynOlarkaly
aýdylýandyr(2
aýdylýandyr
(2 Korintoslylar 1:20)
1:20).
.
SizdegowyişebaşlanHudaýyňMesihIsanyňgününe
çenlimunybitirjegineynamymbar(Filipililer
çenlimunybitirjegineynamymbar
(Filipililer 1:6)
1:6).
.
Reb her bir wadasyny ýerine ýetirýändir. Biziň Atamyz bilen özara gatnaşyklarymyz ynama we ynamlylyga esaslanýar. Ömrüniň
aglaba bölegini jeňlerde we söweşlerde geçiren Dawut patyşa, nämä
ynanmalydygyny bilýärdi. Ol (Zebur 20:7-de) şeýle ýazýar: „Käbirleri uruş
arabalaryna, käbirleri bolsa atlara bil baglaýandyr, ýöne biz Hudaýymyz
Rebbiň adyny agzaýarys“.
Bizem, Dawut kimin, Hudaýa bil baglap bileris, sebäbi Ol hemişe
ynama mynasypdyr. Ol edil öňküsi ýaly bizi söýýär hem-de wadalaryny
berjaý edýär. „(Hatda) biz wepaly galmasak hem, Ol wepaly galar.
Çünki Ol Özüni inkär edip bilmez“ (2 Timoteos 2:13). Başga sözler bilen
aýtsak, Hudaýyň wepalylygy bilen ynamlylygy, Onuň tebigatynyň
aýrylmaz bölegi bolup durýandyr. Ol başgaça bolup bilmeýär, sebäbi
beýtmeklik Onuň tebigatyna garşydaş bolardy we Onuň Öz-Özüniň inkär
etmegini aňladardy.
Meniň, hut şunuň ýaly ata bolasym gelýär. Meniň öz wadasynda
durýan ata bolasym gelýär. Meniň öz çagalarynyň ynamyna mynasyp
bolan ata bolasym gelýär. Meniň öz çagalarynyň ynamynyödeýän ata
bolasym gelýär. Meniň hemişe aýdanyny edýän ata bolasym gelýär.
Meniň, çagalary kakasynyň täsiri astynda ygtybarly we ynama mynasyp
bolan ata bolasym gelýär.
Men özümiň örän köp zat isleýändigime düşünýärin. Dolulygyna bu
işiň hötdesinden gelip bilmejegime-de, akyl ýetirýärin. Ýöne meniň
Atam muny başarar. Oňa näçe köp bil baglasam, günde Onuň ýolundan
ýöremäge çalyşsam, şonça-da, şu aşakdakylarda Oňa meňzeşräk
bolaryn:
WADA ÇYNLAKAÝ GARAMAK
Çagalaryň biziň wadalarymyza näderejede çynlakaý seredýändigine
akyl ýetirip bilmeýändigimiz sebäpli, köpimiz ýalňyşlyk goýberýäris-de,
wadalarymyzy bozýarys. Özümiziň — aýdan we aýtmadyk — wadalarymyzyň öz ogullarymyz we gyzlarymyz üçin nähili wajypdygyna biz
doly düşünmeýäris. Ýerine ýetirilmedik (şeýle hem ýerine ýetirilen)
70
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
wadalaryň çagalarymyza ýetirýän uzak wagtlaýyn täsirini biz
görmeýäris.
Özüniň „Ýitirilen atalygyň gözleginde“ diýen kitabynda, doktor Jeýms
L. Şeller bütin gününi ogly bilen balyk tutulýan ýerde geçiren bir adam
hakda gürrüň berýär. Şol günüň agşamlygy — bu dünýäniň güýçlüleriniň
biri bolan — bu ata öz gündeligine „Bu gün oglum bilen balyk tutulýan
ýere gitdim. Günümi biderek ýere ýitirdim“ diýip ýazýar. Onuň ogly hem
gündelik ýöredýär. Şol gün agşam öýüne gaýdyp gelenden soň ol hem öz
pikirlerini ýazýar.Ýöne onuň bu gün baradaky pikiri kakasynyňkydan
güýçli tapawutlanypdyr. Ol şeýle diýip ýazypdyr: „Bu gün — ömrümiň iň
ajaýyp güni — kakam bilen balyk tutmaga gitdim“.1
Özüniň nähili ägirt ygtyýara eýedigine, bu atanyň ýekeje-de düşünmändigi göze açyk dürtülip dur, sebäbi bolan zada oglunyň nukdaýnazaryndan seredip bilmändir.
Eger wakalara çagalarymyň gözleri bilen seredip başlasam, onda
wadalarymyň wajyplygynyň ägirt boljagyny men ýuwaş-ýuwaşdan
bildim. Zatlara çagalarymyň gözleri bilen seredenimde, meniň ýerine
ýetirmedik wadamyň olar üçin nähili görünýändigini görýärin. Ol şeýle
görünýär: „Kakamda, aladasyny etmeli bolan köp, has wajybrak zatlar
bar“ ýa-da „Meniň näme bilen meşgullanýandygym kakamy asla
gyzyklandyranok“, „Meniň ullakan bir ähmiýetim ýok“ ýa-da „Ähtimal,
men gaty bir gowy däldirin“.
Öz wadalarymyzyň nähili wajypdygyny, olara nädip çynlakaý
garamalydygymyzy, ine, şu nukdaýnazardan görmeklik aňsatdyr.
ÇAGALARA BERLEN WADALARY ÝERINE ÝETIRMEK
Çagalara beren wadalarymyzy ýerine ýetirmelidigini aýtmak aňsatdyr.
Biziň hemmämiziňem şeýle edesimiz gelýär. Hut şeýle hem etmelidigini
biziň hemmämizem bilýäris. Emma hakykat ýüzünde hemme zadyň
başgaça bolmagy mümkin.
Öz durmuşyma ser salanymda — ol ýetilen derejelere esaslanýan pikirler
bilen bir zat bolmasa-da — oňa öz hyýallaryma daýanyp baha berýändigime
bireýýäm düşündim. Kimdir biriniň aýdyşy ýaly, yssy we az ýakymy bolan
ýere barýan ýol ýagşy niýetlerden püre-pürdir. Şeýle-de bolsa, çagalarym
maňa niýetlerim boýunça däl-de, hereketlerim boýunça, hereketlerimiň
niýetlerime gabat gelşi boýunça baha berýärler. Eger, öň niýetime eýermeýän
bolsam, onda meniň çagalar bilen wagt geçirmegi niýetimedüwýändigimiň
olar üçin ähmiýeti ýokdur. Eger aslyýetinde wadamda durmaýan bolsam,
onda olarda durmagy niýetedinýändigim olar üçin wajyp däldir.
Ynama mynasyp ata
71
Öz wadalarymy ýerine ýetirmekde, meniň üçin örän peýdaly bolan
zat wadany: aýdylan we aýdylmadyk (göz öňünde tutulýan) ýaly iki
görnüşli edýändigime akyl ýetirmegim boldy. Aýdylmadyk wadalary
näçe köp etdigimçe hem-de olary aýdylan wadalara öwürdigimçe, şonça
özüme-de, çagalaryma-da köp kömek edýärin.
Meniň ata bolanlygymdan syzylyp çykýan, göz öňümde tutan
wadalarymyň hataryna, çagalarymy söýmek, olary her hili erbetlikden
goramak, olaryň fiziki ynanlaryny kanagatlandyrmak, olaryň sagdyn uly
adamlar bolup ýetişmegi üçin zerur bolan bilimleri we öwüt-nesihatlary
bermek girýär. Şunuň ýaly wadalar köp maşgalalarda-da göz öňünde
tutulýar.
Men çagalaryma özleri üçin hut şeýle etjekdigimi aýtdym,2 şeýle-de
munuň üstüne ýene-de: „Men sizi hemişe hemme işden ýokary tutmaklyga
wada berýärin“, „Eger birden kynçylyk ýüze çykaýsa, size hem bu barada
gürleşmek gerek bolsa, sizi hemişe diňlemeklige men wada berýärin“ diýen
ýaly birnäçe aýdylan wadalary-da goşdum. Göz öňünde tutulan wadalary
aýdylan wadalar etjek bolma synanyşygymda men, çagalarymyň aslyýetinde
menden nämä garaşýandygy barada bildim. Mysal üçin, olaryň pikiriçe,
meniň özlerini goramaga beren wadam öz içine olaryň üstünden edilen
arzlardan ýa-da beýleki uly adamlaryň nazaryndaky garalamadan boýun
gaçyrmagy-da alýar. Bu örän akylly pikir. Men şonuň ýaly wadany ýerine
ýetirmekligi niýet edinýärin. Ýöne mümkinçilikden peýdalanyp, çagalaryma
öz wadalarymy düşündirdim. Mysal üçin, olaryň fiziki ynanlaryny kanagatlandyrmaklyga beren wadamyň, olaryň üýtgäp duran moda bilen deň
gadam urmagy üçin ýa-da egin-eşik sandygyny doldurmakda dostlary bilen
ýaryşmaklygy üçin meniň hökman hemme zady etjekdigimi aňlatmaýandygyny düşündirdim.
Öz wadalaryny çagalaryna düşündirýän, şeýle hem wadalaryny
yzygiderli ýerine ýetirýän ata, öz çagalaryna, bil baglamaklyk mümkin
bolan, ynanmaklyk mümkin bolan atanyň bahasyna ýetip bolmajak
sowgadyny edýärler.
HUDAÝA BEREN WADAŇY ÝERINE ÝETIRMEK
Çagalar kakasynyň Hudaý bilen aragatnaşyklaryny synlamak bilen,
hemme zatlaryň arasyndan: „Hudaýa ynansa bolarmy“ we kakama
ynansa bolarmy diýen iki zady bilýarler.
Eger çagalarym meniň bankdaky hasabyma ýa-da gowy işime
ynanýandygymy, Öz wadasynda durýan Rebbe ynam etmeýän ýene bir
zady görseler, onda olaryň Hudaýa ynanmak bolanok diýen netijä
72
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
gelmegi mümkin. Ýa-da tersine, eger olar meniň özümi we maşgalamy,
güýjüne hem kuwwatyna bil baglap, wadalaryna ynanyp, Rebbiň ellerine
gaýta-gaýta berýändigimi görseler, onda olar Hudaýy ynama mynasyp
bolan Reb hökmünde tanarlar.
Çagalar şeýle hem, Reb bilen özara gatnaşyklarymdan maňa-da ynansa
boljakmy diýen pikire degişli maglumatlary alyp bilerler. Eger Hudaýa
beren wadalaryma ýeňles garaýandygymy ýa-da Oňa beren kasamymy
bozýandygymy olar göräýseler, maňa ynanmalydygyna şübhelenerler. Eger
men hemişe Hudaýa wada berip, olary bozýan bolsam, çagalarym öz
aramyzda gowy gatnaşyklaryň boljagyna garaşyp bilmez. Netijede,
çagalarym bilen meniň aramyzda ynamlylygyň weýran bolmasy başlanýar.
Elbetde, beýle bolmagyny asla islemeýärin, sizem isleýän dälsiňiz
diýip pikir edýärin. Çagalarymyň meni Hudaýa beren wadalaryny Onuň
merhemeti bilen hemişe ýerine ýetirýän ata hökmünde görmeklerini
isleýärin.
MaňaedenýagşylyklaryüçinmenRebbenämebererin?
BütinhalkynyňöňündeRebbenezirlerimiberjaýederin
(Zebur 116:12, 14)
14)..
Men Rebbe Onuň bütin halkynyň, şolaryň içinde çagalarymyň hem
öňünde, wada bermek isleýärin.
BAŞGA ADAMLARA BEREN WADAŇY ÝERINE ÝETIRMEK
Meniň dostum, bäşinji synpda okaýan ogly Jordanyň durmuşynda
bolan bir wakany gürrüň berdi. Bu ýagdaý maňa — çagalarym üçin
— başgalara beren wadamy ýerine ýetirmegiň nähili wajypdygyny
ýatlatdy. Gürrüňi edilýän şol wagtyň özünde, Jordanyň iki dosty bir
wagtda maşgalasynda ene-atasynyň aýrylyşmasyny başdan geçirýän
eken.
Bir gün agşam, oglanjyk ýatmaga gidenden soň, onuň ene-atasy
diýseň çekeleşikli jedeliň gyrasyndan giripdirler. Olar köp ýyllaryň
dowamynda çagalarynyň ýanynda jedelleşmezlige çalyşypdyrlar. Emma
bu gezek, ogullarynyň entek ýatman, hemme zady gowy eşidip oturanyny hiç bilmändirler. Jedeliň edil ortarasynda ejesi birden öwrülende,
oglunyň ejesi bilen kakasynyň ýatýan otagynyň bosagasynda oturyp
aglaýanyny görüpdir.
Ene-ata derrew jedelini bes edipdir. Kakasy ogluny eline alyp göteripdir-de: „Jordan, sen gorkunç düýş gördüňmi?“ diýip sorapdyr.
Ynama mynasyp ata
73
Jordan möňňürip oturşyna zordan: „Kaka, siz ejem bilen haçan
aýrylyşjak bolýarsyňyz?“ diýip sorapdyr.
„Biz ejeň bilen aýrylyşjak bolýarys diýip pikir etmäge seni näme
mejbur etdi?“
„Jon bilen Jeýms öz ejeleri bilen kakalarynyň uruşýandyklaryny we
sögüşendiklerini aýdýarlar, häzir bolsa ejem ikiňiz sögüşýärsiňiz“ diýip,
ýüzünde gorky alamaty bolan oglanjyk aýdypdyr.
Ene-atanyň ikisi-de derrew özlerine gelipdir-de, gahar gaýyp bolup
gidipdir. Olar bu ýagdaýdan peýdalanyp, nikasy bilen maşgalasynyň
özleri üçin uly ähmiýetiniň bardygyny Jordana düşündiripdirler. Olar
Jordana biri- birini söýýändigini, nika gadam basanlarynda biri-birlerine
belli bir wadalary berendiklerini, şol wadalary ýerine ýetirmegi niýet
edinýändiklerini aýdypdyrlar. Ata, aýalyna, dostlaryna, iş boýunça hyzmatdaşyna beren wadasyny ýerine ýetirmese, oglunda ýa-da gyzynda
ynamlylygy terbiýelände kynçylyklara sezewar bolar. Emma başgalara
beren wadasyny ýerine ýetirýän ata, töweregindäkiler bilen gatnaşykda
bolşy ýaly, öz çagalary bilen gatnaşykda hem ynamdarlyk ruhuny saklar
we güýçlendirer.
JOGAPKÄRÇILIK ÇEKMEK
Çagalarynyň öňünde jogapkärçilik çekip başlamalydygyny aýtsam, köp
ene-atalary geň galdyraryn.
Ene-atalaryň köpüsi meniň teklibimi birneme çürt-kesik, hatda
weýran ediji hem hasap ederler. Olar maňa, edil men dilimi görkezip,
burnumyň ýanynda elimi salgap goýberen ýaly serederler. Bulardan
başga-da, ene-atalar çagalaryň öňünde däl-de, çagalar ene-atalaryň
öňünde hasabat bermeli diýip çaklanylýar.
Şeýle-de bolsa, çagalaryň öňünde jogapkärçilik çekmeklik, öz wadalarymyzy ýerine ýetirmekdäki, ata bilen çaganyň arasynda ynamlylygy
gurmakdaky iň netijeli usullaryň biridigine men çynym bilen ynanýaryn.
Ýok, elbetde, men çagalaryňyzy öz üstüňizden garamaklyga goýmaklygy
teklip edemok, men beýle pikirden gaty daşdadyryn. Ýöne, men sizi beren
wadalaryňyzy bozanyňyzda, çagalaryňyza „özüňizi jogaba çagyrmaga ýol
berip“, ýeterli derejede sabyrly we sadyk bolmakdygyny çagyrýaryn.
Kelliniň ýedi ýaşy dolanda, men oňa ýazan gutlag otkrytkamda giden
bir ýüzlenme ýazdym:
Mähriban Kelli, men seni örän soýýärin. Seniň kakaň bolandygym
üçin men diýseň şatlanýaryn, ýöne bilýäňmi näme, bu ýylda men
74
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
senden kömek etmegiňi haýyş etmek isleýärin. Maňa entek ýedi
ýaşly gyzyň kakasy bolmak miýesser etmändi. Men seniň üçin iň
gowy kaka bolmak isleýärin. Eger bir zady nädogry edýändigimi
ýa-da karam bir zat edýändigimi duýsaň, haýyş edýärin, maňa aýt“.
Şona-da, Keýtä-de, Hezere-de, gezekli-gezegine, şeýle hat ýazdym.
Men çagalarymyň her biriniň öňünde jogapkärçilik çekmäge synanyşdym.
`Öz wadalarymy ýerine ýetirmekde men olaryň goldawyna hem kömegine
daýandym, olar hem meniň üçin dört sany iň gymmat maslahatçy boldular.
Elbetde, çagalaryň öňünde jogapkärçilik çekmeklik hemişe ýakymly
bolman biler. Mysal üçin: bir gezek meniň gyzym Keýti on ýaşyndaka,
nobatdaky iş saparyndan gaýdyp gelemde, gödeklik bilen: „Kaka, sen
nädogry zady edýäň!“ diýdi. Beren wadalarymyň biriniň çagalarym bilen
gatnaşyklarymda dogruçyl bolmaklykdygyny aýtmak gerek. Şol wadamy
hemişe ýerine ýetirmäge jan edýärin. Şonuň üçin men: „Eýjejigim, sen
nämäni göz öňünde tutýaň?“ — diýip sorag berdim.
„Sen sapardan gaýdyp geleňden soň, Kellini, Şony, Hezeri kafe
äkidýäň, meni bolsa äkideňok“ — diýip, ol jogap berdi.
„Şeýlemi?“ — diýip, men sorag berdim. Keýtini bu aýdanlary meniň
üçin garaşylmadyk zat boldy.
„Hawa! — diýip, ol ýanbermezlik bilen jogap berdi-de — Bu gün
günortanlyk naharyny edinmäge meni äkitjekmi? — diýip sorady.
Elbetde, şol gün biz meniň on ýaşly gyzym bilen günortanlyk
naharyny edindik. Gyzymyň öňünde jogapkärçilik çekme islegimiň
peýdasy, onuň maňa goýberen ýalňyşyma düşünmäge eden kömeginde
we ony düzetmäge beren mümkinçiliginde jemlenendi.
Jogapkärçilik çekmek teklibiniň manysy hem şundadyr. Çagalarymyza beren wadalarymyzy ýerine ýetirmeklik aňsat iş däl. Eger bu ýönekeý
iş bolan bolsa, onda köpimiz şeýle ederdik, şeýle dälmi? Bu Rebbiň
kömegini gürrüňsiz ynan edýän meseledir. Bu işde bize çagalarymyz
hem kömek edip bilerler. Ynanaýyň, eger olara şunuň ýaly mümkinçilik
we jogapkärçilik berilse, olar ondan şatlyk bilen peýdalanarlar.
Ýokarda aýdylanlar size diňe bir, çagalarynda ynam döredýän, aýdan
zadyny hemişe ýerine ýetirýän ata bolmaga kömek etmän, eýsem, öz
täsiriňiziň kömegi bilen ynamdar, ygtybarly, wepaly boljak çagalary
terbiýelemäge-de kömek eder. Rebbiň Mukaddes Ruhuna ýüzlenmäňiziň
hem-de teklip edilen pikirleri meýilleşdirilip durmuşa ornaşdyrmagyňyzyň kömegi bilen çagalaryňyzyň özleri hem beren sözüni ýerine ýetirip
biler hem-de ulalanda sözüne, wadasyna ynanmak mümkin bolan adamlar
bolarlar.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Soňky gezek haçan çagalaryňyzyň birine beren sözüňizi bozmaly
bolupdyňyz? (Eger ýadyňyza düşürip bilmeýän bolsaňyz, çagalaryňyzdan
soraň!). Siz nähili pikir edäýrsiňiz, berlen wadany bozmaklyk bu çaga
nähili täsir etdikä? (Eger bilmeýän bolsaňyz, onda çaganyň özünden
soraň!)
2. Çagalaryňyza beren göz öňünde tutýan (aýdylmadyk) wadalaryňyzyň
sanawuny düzmek üçin, aşaky setirleri (ýa-da aýratyn bir kagyz)
ulanyň
.........................................................................................................
.........................................................................................................
3. Ýokarda ýazan aýdylmadyk wadalaryňyzyň haýsylaryny aýdylan wadalara öwürmek isleýärsiňiz? Olaryň daşyny aýlap çyzyň.
4.* Çagalaryňyza beren aýdylan wadalaryňyzyň sanawuny düzmek üçin
aşaky setirlerden (ýa-da aýratyn bir kagyz) ulanyň
.........................................................................................................
.........................................................................................................
5.* Şu hepde-de çagalaryňyzyň öňünde jogap bermekligi meýilleşdiriň.
Siz muny nädip etmekçi? (Görnüşler: olaryň her haýsysy bilen
aýratynlykda gürleşiň; hemmesini jemläp umumylykda gürleşiň;
olaryň her haýsysyna, beren sözüňizde durmakda size kömek etmegine
rugsat berýän hat ýazyň).
GÖWÜNLIK BERÝÄN WE
GOLDAÝAN ATA
7
On dört ýaşly Eými, ilkinji gezek munuň nahili bolandygyny ýatlaýar. Ol
bäş ýaşyndady.
Ol gijäň ýarynda, penjiräniň aňyrsynda möwç alýan güýçli gök
gümmürdisiniň sesine oýanýar. Garaňkydan we daşarda ýaňlanýan gök
gürlemesinden gorkan gyzjagaz, aglap ejesi bilen kakasynyň ýatýan
otagyna tarap ylgaýar. Ol ejesiniň krowadynyň ýanyna gelip, ejesini
yralaýar. Ýöne ejesi jogap berip ýetişmänkä, kakasy oýanýar-da:
„Sen bu ýerde näme işleýärsiň — diýip, ol özüni oýarandyklaryna
gaharlanyp soraýar — derrew öz otagyňa git“ — diýýär.
„Kaka, men gaty görkýan“ — diýip, gyzjagaz has-da gaty aglap
aýdýar.
„Men bu barada hatda eşitmegem islämok. Sen eýýäm ullakan gyz,
özüňi ýaşyňa laýyklykda alyp barmaga çen boldy“. Eými düşeginde
oturan ýerinde ýere bakyp oturan ejesine ýalbaryjy äheňde seredýär.
„Sen meni eşidýäňmi? — diýip, kakasy bir gygyrýar welin, Eými
otagdan atylyp çykýar — düşegiňe geç diýdim men saňa“.
Eými ejesi bilen kakasynyň ýatýan otagyndan çykyp, wanna otagyna
girýär. Ol şol ýerde çyrany ýakyp, öz üstünden gapyny ildirip, her gezek
gök gürlände aglap hem tisginip, bütin gije oturýar. Beýle ýagdaý, Eými
kakasyndan kömege garaşmagyň manysyzdygyna düşünýänçä birnäçe
gezek gaýtalanýar. Gyzjagaz on ýaşaýança, gök gürrüldili gijeleri, çyrasy
ýakylyp, üstünden ildirilip goýlan wannada aglap geçirýär.
Eýminiň durmuşyndaky taryhynyň iň elhenç ýeri-de, onuň
hakykylygyndadyr. Ondan bäri gyzjagaz tupandan we gök gürrüldisinden
gorkmasyny goýdy, ýöne öňküsi ýaly öz kakasynyň göwünlik hem-de
goldaw bermezliginden ejir çekýär.
Bu zatlaryň netijesiniň örän erbet bolmagy mümkin. Maşgalany we
Göwünlik berýän we goldaýan ata
77
nikany öwrenmek Merkeziniň işgärleri doktor Dewid Fergýusonuň we
doktor Don Mak-Minniň pikirine laýyklykda, göwünlik we goldaw
berilme talaby kanagatlandyrylmaýan adamda özüni aljyraňňy, ýalňyz,
ruhy taýdan pese düşen we utanjaň duýmaklyga mümkinçiligi köpüräk
bolýar. Munuň ýaly adam, tertipsizlige, şöwsuzlykdan gorkmaga,
janyndan doýan bolmaklyga we duran ýerini ýürege düşgünç hem mejbur
edilip kesgitlemeklige sezewar edilendir.
Kakasyndan göwünlik we goldaw almaýan ýetginjek, goragsyzlyk
duýgusynyň hötdesinden kynlyk bilen geler hem-de deň-duşlarynyň
erbet täsirlerine kynlyk bilen garşy durar. Kakasynda göwünlik we
goldaw almaýan ýaş oglan, dost saýlamaklykda kynçylyklar bilen
çaknyşar. Kakasyndan göwünlik we goldaw almaýan ýigitde, duýgy
ynanlaryny kanagatlandyrmanyň gözlegine çykyp, dartgynlylyga özüni
aldyrma we jynsy gatnaşyga ir başlama mümkinçiligi köp bolýar.
Munuň tersine, kakasyndan göwünlik we goldaw alýan ýetginjek,
özüni söýülýän, gerekli we ygtybarly duýar hem-de aladaçyl, duýgudaş,
oňaýly, duýgur we özüne ynamly bolup biler.1
Eýminiň kakasynyň hereketleriniň ölçegi boýunça aýtsam, menem
bir zady boýun almaly. Çagalarymyň mätäçlik çekýän zady bolan
göwünlik we goldaw berilmesi bilen olary üpjün etmek başartmadyk
gezekleri mende-de bolupdy. Ýöne meniň munuň ýaly ata bolasym
gelmeýär. Meniň, çagalaryna göwünlik we goldaw gerek bolan pursatynda
hemişe ýanynda bolýan ata bolasym gelýär. Çagalarynyň gorkusyna we
agyrsyna düşünip hem duýup bilýän ata bolasym gelýär. Meniň, öz
göwünlik we goldaw bermesi bilen çagalaryna deň-duşlarynyň erbet
täsirlerine, goragsyzlyk duýgusyna garşy durmaklyga, gowy dostlary
tapmaklyga, ýoldaşlarynyň hormatyny hem guwanjyny gazanmaga
kömek edýän ata bolasym gelýär. Meniň öz Atam ýaly ata bolasym
gelýär.
ATANYŇ ŞEKILI
Özümiziň Gökdäki Atamyzyň tebigaty we häsiýeti bize hakyky atanyň,
durmuş kynçylyklarynda hem-de synaglarynda çagalaryna göwünlik we
goldaw berýän atadygyny açyp görkezýär. Mukaddes Kitapda şeýle
diýilýär: „Rebbiň gözleri dogry adamlardadyr, gulaklary olaryň perýadyna açykdyr. Dogry adamlar perýat edenlerinde, Reb eşidýär, olary ähli
muşakgatlardan gutarýar. Reb göwni synyklara ýakyndyr we ruhy
ökünçleri gutarýandyr“ (Zebur 34:15, 17-18).
„Ol rehimler Atasy, bütin teselliler Hudaýydyr. Hudaýyň bize berýän
78
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
tesellisi bilen biz-de her hili muşakgat içindäkilere teselli berer ýaly, Ol
hem bize muşakgatymyzda teselli berýär“.
Biziň iň gowy Atamyz — bu duýgudaşlyk Atasydyr, her bir teselliniň
Hudaýydyr. Agyr we betbagtçylykly günlerimizde Ol sabyrsyzlyk ýa-da
äsgermezlik bilen däl-de, göwünlik we goldaw bermek bilen jogap berýär.
Kyn günüňde daýanar ýaly, güýç çeşmesini tapar ýaly, maslahat sorar
ýaly adamyň bar bolsa, onuň bahasyna ýetip bolmajak kömegi etjekdigini
Ol bilýär.
Rebbiň tesellisi „biziň gaýgylarymyzyň ählisinede“ ýaýraýandyr. Ol
bizi Öz ady hatyrasyna yzarlananymyzda-da, öz samsyk hereketlerimiziň
netijesinde heläkçilik çekenimizde-de, teselli we goldaw berýär. Biz
mynasyp bolmasak hem Ol teselli berýär. Öz döreden kynçylyklarymyz
bilen göreşenimizde-de, Ol bize teselli berýär. Biz ejizkäk Ol saklaýar,
ýykylanymyzda bolsa, göwünlik berýär.
„Edil çopan ýaly, ol öz sürüsini bakar, guzulary ellerine alyp, döşünde
göterer, sagylýanlaryny yzyna düşürer“ (Işaýa 40:11).
Atamyz bize, özümizi terbiýelemeli bolan wagtymyzda-da göwünlik
we goldaw berýär. Mezmurçy Dawut şeýle ýazýar: „...Seniň hasaň,
Seniň taýagyň maňa göwünlik berýär“ (Zebur 23:4). Çopanyň taýagy,
howply ýagdaýda ýa-da kütel ýollarda täze doglanlara ýerinden galmaga
kömek edýän, goýunlary bir ýere ýygnap, sürüni dogry ýola gönükdirýän
göwünlik we daýanç berýän gural hökmünde ulanylýar. Hasa başga bir
tarapdan gorag we terbiýe guraly bolup durýar. Ol, süriniň üstüne
çozanlary gorkuzmakda ýa-da tabyn etmekde, goýunlaryň içinde kejirlik
edenlerini ýola getirmekde herekete giripdir.2 Şeýle-de bolsa, ikiguralam
— taýagam, hasa-da, mezmurçy üçin teselli çeşmesi bolup gulluk
edipdir, sebäbi ikisem duýgudaş hem goldaw berýän Çopanyň elleri bilen
berlipdir.
Men şunuň ýaly ata bolmak isleýärin. Men özümde ýaşaýan, meniň
üstüm bilen hereket edýän Mukaddes Ruhuň adaty bolmadyk barlygy we
güýji bilen, öz Atamyň tebigatyny şöhlelendirmek isleýärin. Men çagalarymyň ähli kynçylyklarynda teselli we goldaw berip gulluk etmek
isleýärin. Elbetde, gyzyň mekdepden barlag işi boýunça bäşlik däl-de,
dörtlük alany üçin lapykeç bolup gelende, oňa göwünlik bermek aňsat.
Ogluň futbol meýdançasynda futbol ýyldyzlarynyň hereketlerine meňzemedik hereketleri edende, ony goldamak aňsat. Häzirjek welosipedden
ýykylan ýa-da adaglama çäresini bozan çaga göwünlik bermek aňsat.
Ýöne, samsyk oýun tärini ýerine ýetirmegiň netijesinde maşyny külowram etse, hiç zat okamandygy üçin synaglardan geçip bilmese, wajyp
bolan zatlary etmegi soňky pursata goýsa ýa-da bir zada çolaşyp, soň
Göwünlik berýän we goldaýan ata
79
hem düzedip bilmese, onda teselli bilen göwünlik bermek gaty bir aňsat
däldir. Munuň ýaly ýagdaýlarda çagalar özleriniň özleri üçin döreden
kynçylyklary bilen göreşýärler. Muňa sowukganly garamak bolsa kynrak
bolýar. Ýöneşeýledebolsa,hutşunuňýalypursatlardaçagalarymyz
teselläwegoldawahemişekisindenbetermätäçbolýar.
Men entegem, käwagt çagalarymy berk tutýaryn. Men olara ýygyýygydan gygyrýaryn, takal okaýaryn, käwagt bolsa käýeýärin, men
öwrenmäge-de çalyşýaryn. Men çagalaryma göwünlik we goldaw berenimde, öz Atamyň keşbini görkezmegi öwrenýärin, Men Onuň keşbine gabat
gelýän täze ýollara ýetmek isleýärin. Men öz atalyk borjumda, Atamyň
keşbine kök urdurmak üçin täze tilsimleri özleşdirýärin. Olar şulardyr:
ÖZÜŇDÄKI MÜMKINÇILIKLERIŇ ÇÄKLERINE DÜŞÜNMEK
Ýaş ata bolan Bob bir gezek özüniň alty ýaşly gyzyna welosiped sürmegi
öwretjek bolşuny gürrüň berdi. Hezer welosiped sürmekde ynan edilýän:
ruly dolandyrmak, pedallary basmak, tormoz bermek, deňagramlylygy
saklamak ýaly hereketleri sazlaşdyrmagy öwrenýärkä, ony saklamak
üçin Bob gapdalda welosiped bilen deň ylgap barýan eken. Şeýdip ýörkä
Bob tötänden welosipedi goýberýär. Welosiped güpürdäp gaýdýar-da,
Hezerem ýere ýykylyp, awunýar.
Bob bu ýagdaý barada gürrüň berende, öz gyzyny „goýberen“
pursatyndaky gorky duýgusyny beýan etdi. Bob hakykatdanam, Hezeriň
kakasynyň öz ýanyndadygyna ynanmagyny, kakasynyň goldawyna
özüniň diňe bir bu ýagdaýda däl, eýsem hemme zatda-da, bil baglap
bilmegini isleýärdi.
Ýöne Bob bu işde kämillige ýetip bilmedi. Biziň hiç haýsymyzam
ýetip bilmeýäris.
Göwünlik we goldaw berýän ata bolmagyň açarlarynyň biri-de,
özümiziň mümkinçiliklerimiziň çäksiz däldigine düşünmeklikdir. Biz
çagalarymyzyň hiç haçan dyzlaryny agyrtmazlygy üçin çäre görüp
bilmeýäris, ýöne ýerinden galdyryp ogşamak üçin şunuň ýaly pursatda
olaryň ýanynda bolup bileris. Çagalarymyz nädogry iş edende biz olary
hemişe saklap bilmeýäris, ýöne ýalňyşlyklaryny düzetmek üçin biz olaryň
ýanynda bolup bileris. Biz çagalarymyzy lapykeçlikden we agyrydan
doly gorap bilmeýäris, ýöne bile aglamak we ejir çekmek üçin ýanlarynda
bolup bileris. Biz olaryň durmuşynda bolýan ähli erbet zatlary düzedip
bilmeýäris, ýöne olaryň üstünligine şatlanyp, ýykylanda goldaw berip
bileris.
Biz çagalarymyz üçin hemme zady edip bilmeýäris. Ýöne Hudaýyň
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
80
kömegi bilen elimizden gelen zatlaryň hemmesini etsek, şolam ýeterlik
bolar.
WAGTYŇ BIR BÖLEGINI SARP ETMEK
Biziň soraglarymyza jogap beren gyzlaryň biri, özüniň birinji jynsy
gatnaşygy barada düzme ýazypdyr. Şol düzmede şeýle diýilýär:
Mekdepdäki şol gün meniň üçin elhenç gün bolupdy. Meniň bar
isleýän zadym –bu ene-atamyň özüme üns bermegidi. Ýöne bir
gujaklama-da ýeterli boljakdy. Emma olar örän işlidiler, şonuň
üçin men öz kynçylyklarym bilen dostumyň ýanyna gitdim.
Şeýle ýagdaý yzly-yzyna gaýtalandy. Indi men onuň bilen içgin
gatnaşyklary edýärin. Eje, kaka, siz maňa gerek wagty öz ýanymda
bolmagyňyzy şeýle isläpdim.
Bu ýaş zenan mekdepdäki kyn gününden soň tesellä mätäçdi. Ol bu
tesellini öz ene-atsyndan tapmaga çalşypdy. Emma olar örän işli bolup
çykan ýagdaýynda, gyz tesellini başga ýerden gözlemeli boldy.
Çagalar „söýgi“ sözüni ulularyň aýdyşy ýaly aýtmaýar; olar ony
„w-a-g-t“ diýip aýdýarlar. Hakykatdan hem, duýgudaş Atany, ähli
teselliler Hudaýyny şöhlelendirmek isleýän ata, muňa belli bir wagtyny
sarp etmelidir.
Men bu ugurda hemişe kämillik nusgasy bolmadym, ýöne uzak ýol
geçdim. Bir gezek, okuw rugsady döwründe, Meksikadaky söýgüli
ýerimiz bolan bir kurortda bolup ýördük. Şonda men bir kitabyň üstündäki
işiň ortasyndakam, ýanyma Kelli geldi-de: „Kaka, sen meni manikýur
salonyna äkidip bilmezmiň?“ diýip sorady.
Meniň işim başymdan agdykdy. Meniň kelläme gelen ilkinji pikir:
„Diňeşuýetmändurdy“ diýen pikir boldy.
Ikinji pikirim şeýledi: „Joş,özçagyrýanzadyňyişýüzündeberjaýet“.
Ahyrsoňunda üçünjisi: „Rebbim, bu zatlaryň hemmesine dogry
çemeleşmänigörkez“.
Näme edeýin, şol pursatdaky ruhlanma „tolkunyna“ ýene gabat gelerin
diýen umyt bilen öz işimi goýdum-da, dyrnaklaryny tertibe salmagy üçin
gyzymy manikýur salonyna äkitdim. Bir ýere gitmek üçin Kelliniň meni
şahsy sürüjisi hökmünde ulanmagy göz öňünde tutmandygyny, meniň bu
wagtymyň oňa hakykatdanam zerur bolandygyny men şatlyk bilen
(aýalym-a „geň galmak bilen“ diýerdi) duýdum. Biz bu gezelenjimizi örän
gowy geçirdik. Yzymyza gaýdyşyn bolsa örän çynlakaý gürrüň etdik. Kelli
Göwünlik berýän we goldaýan ata
81
üçin örän wajyp we ähmiýetli bolan gürrüňe ol syýahatymyzyň ahyrynda
diýen ýaly başlady. Oňa ýüregini açmak üçin wagt zerur bolupdyr. Men
şol gezek oňa wagtymy sarp edenime diýseň şatlandym.
Şol gezek manikýur salonyna äkidenim üçin Kelli maňa üç ýa-da dört
gezek minnetdarlyk bildirdi. Meniň pikirimçe, munuň sebäbi, men diňe
bir onuň özüne we kynçylyklaryna gyzyklanmamy beýan etmän, eýsem
özümi, Kelli göwünlik we goldaw sorap biler ýaly ýagdaýda goýdum.
OLARYŇ YNANLARYNA BAHA BERMEK
Bir gezek meniň dostum Norm Ueýkfild, gyzlarynyň biri orta mekdebi
gutarmaly bolanda ýüze çykan ýagdaý barada gürrüň berdi. Ene-atasy
ýetginjegi şatlykly we umytdan doly görmäge garaşyp durdy. Emma
Norm gyzynyň sussypes we ümsüm durandygyny gördi. Onuň bilen
gürrüňdeşlikde hemme zat düşnükli boldy duruberdi. Onuň synpdaşlarynyň köpüsi mekdebi gutaranlarynda ýörite sylaglary we stipendiýa
almalydylar, emma ol, hiç zat almaga garaşmaýardy, şol sebäpli-de onuň
keýpi ýok eken.
Norm her hili hereket edip bilerdi. Ol gyzynyň duýgusyny dargadybam
bilerdi. Munuň akmaklykdygyny aýdybam bilerdi. Ol gyzyny yrmaga
synanyşybam bilerdi. Ýöne şol jogaplaryň hiç haýsysynyň hem oňa şu
pursatda zerur bolan zada gabat gelmeýändigine Norm düşündi.
Indi ol şeýle diýýär: „Şol pursatda men näme diýjegimi bilmedim“.
Şeýle-de bolsa, ol gyzyny gujaklap, oňa: „Sen barybir meniň kitabymda
birinjisiň“ — diýýär. Öz gyzynyň ýylgyrmasy we jogap hökmündäki
gujaklamasy, näme diýjegini bilmedik ata hökmünde, Normuň gaty bir
erbet hereket etmändigini görkezýär. Öz gyzyna zerur zat hökmünde
onuň beren bahasy dogry bolup çykdy. Gyz teselli isleýärdi, özüniň sylag
we stipendiýa almandygyna seretmezden, oňa diýseň ýokary baha berýän
kimdir biriniň bardygyny eşitmek gerekdi.
Çagalaryna göwünlik we goldaw bermek isleýän ata, olara nämäniň
wajypdygyny duýmalydyr. Olaryň aýdýanzatlaryna ünsli gulak asyň,
edýän zatlaryny synlaň, ýöne munda saklanmaň; bu sözleriň we
hereketleriň aňyrsynda nähili duýgularyň hem-de ynanlaryň gizlenip
ýatandygyny anyklamaga synanyşyň. „Sen meniň bilen bileje hiç
haçanam hiç zat etmeýärsiň“ diýýän çaganyň, ata ünsüni ynan edýän
bolmagy mümkindir. Oýun meýdançasyna çykmazdan öň münbere
seredýän çaganyň goldawa mätäç bolmagy mümkindir. `Gahary birden
gelýän çaganyň güýçli teselli isleýän bolmagy mümkin.
Men çagalaryň nädogry hereketleri bilen ylalaşmaly diýmeýärin. Men
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
82
diňe çagalarymyzyň ynanlaryny görmegi — hatda öňünden duýmagy —
hem-de diňe olaryň sözlerine ýa-da hereketlerine seretmän, olaryň yzynda
duran ynanlara-da üns bermegi teklip edýärin.
GÖWÜNLIK WE GOLDAW BERMÄNIŇ DILINI ÖWRETMEK
Şu wagta çenli öwrenip ýören zatlarymyň arasynda, şunuň ýaly
düşünjeler-de bar-çagalar gorkýarka, tukatka, göwnüçökgünkä ýa-da bir
ýeri agyrýarka olara näme gerekdälkä. Adatça kynçylyklar (we adamlar)
babatda öwrenijilikli usuly ulanýandygym üçin kimdir biriniň agyrsyna
meniň duýgydaşlyk bilen garaýşym düşünjeli garaýyşdyr: „Öz ýalňyşyňyň... bolandygyny sen bilýäň“ ýa-da „Munuň näme üçin bolandygyny
sen bilýäň ahyryn, dogry dälmi?“ Ýöne bir ýeri agyrýan adamyň
duýduryşa („Goý bu saňa sapak bolsun“), öwüt-nesihata („Bu dogrudanam seniň häsiýetiňi berkider“), maslahata („Eger men seniň ýeriňe
bolan bolsam...“), şadyýan çagyryşlara („Begen! Mundan hem beter
bolup biljegini sen bilýäň ahyryn“) seýrek ýagdaýda mätäç bolýandygyna
ýuwaş-ýuwaşdan akyl ýetirdim.
Çagalaryma meniň ilkinji duýgydaşlyk etmämiň däl-de, olaryň
ýanynda bolmagymyň, olary gujaklamagymyň, olar bilen bile aglamagymyň, ellerinden tutmagymyň, duýgudaşlyk etmegimiň we olaryň
maňa nä derejede gymmatdygyny görkezmegimiň gerekdigine ýuwaşýuwaşdan düşündim. Olaryň meniň duýduryşlaryma seýrek mätäç
bolýandyklaryny
ýa-da
maslahatlarymy
seýrek
gymmat
hasaplaýandyklaryny bildim. Olara wagyz etme gerek däl-de, içini
sowadyp aglar ýaly egin gerek. Olara teselli we goldaw zerur. Teselli
bilen goldawy teselli dilinde („Eýjejigim, men gaty gynanýan“, „Munuň
agyrylydygyny men bilýärin“, „Men ýanyňda“, „Men seni söýýärin“) we
goldaw dilinde („Men saňa ynanýan“, „Biz bu zatlaryň içinden bile
geçeris“, „Men hemişe seniň bilen bile bolaryn“) bildirmeklik hemme
zatdan gowudyr.
Käwagt, elbetde, ýetginjek öz erbet hereketi zerarly ejir çekende,
terbiýe beriji hereketi ýa-da duýduryşy ulanmak gerekdir. Şeýle-de bolsa,
eger ata ilki bilen göwünlik we goldaw berse, islendik terbiýe beriji
hereket hiç zat bilen deňäp bolmajak netijäni berer.
ÖZ SÖZÜŇIZE ÜNS BERIŇ
Özüniň „The Total Man“ diýen kitabynda, Den Benson, ene-atalar bilen
sorag — jogap geçirmegiň netijesinde düşünilen bir zat barada gürrüň
Göwünlik berýän we goldaýan ata
83
berýär. Ene-atalaryň çagalara beren ortaça on sany ters duýduryşynyň
diňe biriniň oňat bolýandygy ýüze çykdy. Bensonuň özi hem bir zady
belläp geçýär „çaga psihologiýasy ulgamyndaky ekspertler, aýdylan
ýekeje ters sözüň netijesinde çaganyň özüne baha bermesine ýetirlen
zyýanyň öwezini doldurmak üçin, az bolanda dört sany oňat sözleriň
gerekdigine ynanýarlar“.3
Çagalaryny teselli we goldaw bilen üpjün etmek isleýän ata, sözleriň
örän uly güýje eýedigini, olaryň kömek edişi ýaly ýaralap hem bilýändiklerini bilmelidir. Eger atanyň sözleri hemişe ajy, ýigrençli ýa-da tankytly
bolsa, onda çagany goldamak ediljek islendik tagalla netijesiz bolar.
Eger ata dilden:
„Meniň ýanymdan çekil“;
„Meni birahat etme“;
„Men ulular bilen gürleşmegi halaýaryn“;
„Meniň saňa wagtym ýok“;
„Men seni samsyk hasaplaýaryn“;
„Sen maňa gaty bir ýarap baraňok“;
„Sen meni bizar etdiň“;
„Men seniň garaýyşlaryňa we duýgularyňa üns bermeýärin“; diýen
ýaly zatlary aýtsa ýa-da aýtmagy göz öňünde tutsa, onda ol beýtmek
bilen çagalaryny özünden daşlaşdyrýar hem-de olary özlerine wajyp
bolan tesellini we goldawy başga ýerden gözlemäge mejbur edýär.
ÇAGANYŇ DÜNÝÄSINE GIRMÄGE SYNANYŞYŇ
Eger siz çagalaryňyzyň hakykatdan hem teselliňizi we goldawyňyzy
duýmagyny isleseňiz, onda olaryň dünýäsine girmäge synanyşyň.
Olaryň häzir näme bilen gyzyklanýandygyny, olara nämäniň hezil
bolup görünýändigini, nämeden lezzet alýandygyny we haýsy dostlary
bilen wagtyny geçirýändigini bilme meselesini öz öňüňizde goýuň.
Örän köp atalar çagalaryndan öz derejesindäki gürrüňdeşlige garaşýar.
Birnäçe ýyl mundan ozal, gyzym Kelli öýe öz jorasy bilen geldi.
Olar maňa „priçýoska“ etmek teklipleri bilen ýüregime düşdüler.
„Ýok-la, siz oýun edýänsiňiz diýip umyt edýärin“ — diýip, men öz
diýenimi tutdum.
„Kaka, haýyş edýärin!“ — diýip, Kelli ýalbardy.
Men hakykatdanam, bu iki gyzyň özümi dellekhanalardaky maneken
hökmünde ulanmagyny islämokdym, şeýle-de bolsa, munda olaryň
dünýäsine girme mümkinçiligini gördüm.
„Bolýa-da, — diýip, men ahyrsoňy razylaşdym — siz maňa öz
84
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
islegiňiz boýunça islendik priçýoskany edip bilersiňiz, ýöne bir şert bilen,
siz meniň saçymy gyrkmarsyňyz hem-de reňklemersiňiz, şeýle hem,
işiňizi gutaranyňyzdan soň meniň bilen bile agşamlyk naharyny edinmäge
gidersiňiz“.
„Örän gowy!“ — diýip olaryň ikisem bile gygyrdylar. Olar bir sagadyň
dagy dowamynda saçy tertiplemek üçin ulanylýan köpürjigi, saç guradyjy
enjamy, başga-da maňa nätanyş bolan enjamlary ulanyp, meniň saçymy
iş edindiler. Olar işini gutarandan soň saçlarym hemme tarapdan
sallanyşyp durdy. Men, uzak planeta ugramaga taýýar bolup duran
uçýan tarelka meňzeýärdim. Men aýna seredenimde, biziň ylalaşygymyzyň
ikinji bölümi babatda örän şübhelendim. Olar bilen nirädir bir jemgyýetçilik
ýerine gitmek isleýärmidim? Men diňe özümi hiç kimiň tanamazlygyna
umyt baglap biljekdim.
Biz uly bolmadyk pissa bişirilýän ýere girenimizde (men gara
äýneklidim), gyzlar menden takmynan bir ýarym metr dagy uzagrakda
durdular, sebäbi olar olar, özleriniň meniň bilen gelendigini adamlaryň
bilmegini islemeýärdi. Maňa, elbetde, hemme kişi üns berdi, hatda bir
aýal gözünem alartdy, bolsa-da hiç kim polisiýa jaň etmedi. Biz
wagtymyzy örän şadyýan geçirdik.
Indi men şol wakany öz gyzymy goldamagyň aýratyn beýan edilmesi
boldy diýip, hasaplamaýaryn. Ýöne bu maňa — duşuşyklar, howa şarlary
bilen söweşmek, ak patrakly agşamlyklar we şuňa meňzeş pursatlar
bilen bir hatarda — çagalaryma düşünmekde, örän köp zady öwretdi.
Soň bolsa, çagalarym mätäç bolan wagty olara teselli we goldaw
bermekde maňa kömek etdi. Olaryň dünýäsine mümkin boldugyça tiztizden girmäge çalşyp, men olaryň keýpini okamagy, duýgularyna
düşünmegi, kynçylyklaryny öňünden görmegi öwrendim. Haýsydyr bir
başga ýollar bilen muňa ýetmegiň maňa başartjagy gümanadyr.
Teselli we goldaw berme ukybyny, gerek bolan wagty baryp
işledäýmeli bolan telewizor bilen deňäp bolmaz. Bu, has hem bejergisini
bermeli we wagty gelende — käwagt asla garaşylmadyk pursatlarda —
öz zähmetiňiň miwesinden peýdalanyp bileriň ýaly, aladasyny etmeli
bolan baga meňzeşdir.
Öz çagalaryňyza teselli we goldaw teklip etmeklik — özüňiz üçin
bolşy ýaly çagalaryňyz üçin hem — netijesini uzagyndan berýändir. Siz,
öýünde hemişe zerur bolan tesellisini we goldawuny alyp biljekdigine
ynamly bolan çaganyň, deň — duşlarynyň erbet täsirlerine garşy durup
bilşini synlap bilersiňiz. Olaryň özlerine hakyky dost tapynyp, diňe bir
almany däl, eýsem, bermäni hem başarýan dost bolup başlaýandygyny
siz görersiňiz. Olaryň deň-duşlarynyň (siziňem) hormatyny we haýran
Göwünlik berýän we goldaýan ata
85
galmasyny gazanyp, mekdepde, işde, ýygnakda nähili ýagdaý bolandada, öz kakasyndan teselli we goldaw tapyp biljegine ynamly hem ukyply
ýigitler, gyzlar bolup ösüşine seredip bilersiňiz.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Aşakda getirilen sanawa serediň-de, pikirleniň, şol häsiýetnamalaryň
haýsydyr biri siziň çagalaryňyza degişli diýip bolarmy (degişlisini belläň).
aljyraňňy

geljegiň öňünde gorky duýýan

deň-duşlarynyň täsirine ejiz

ýekemen

ýüregedüşgünç — mejbury

jynsy gatnaşyklara garşy

utanjaň

goragsyz

şübheli dostlary tapýan

düşnüksiz

ruhdan düşen

durmuşdan ýadan

durmaga ejiz
2. Eger siz ýokarda getirilen häsiýetnamalardan haýsydyr birini bellemeli
bolan bolsaňyz, onda nähili pikir edýäňiz, çagadaky şunuň ýaly
duýgular we kynçylyklar teselliniň we goldawyň ýetmezçiligi bilen
baglanyşyklymyka? Eger hawa bolsa, onda nädip?
3. Siz ýaňy-ýakynda çaga mätäç bolan pursatynda özüňiziň oňa teselli we
goldaw teklip etmändigiňizi ýadyňyza düşürip bilýärsiňizmi? Şol ýagdaýy düzetmek mümkinmi? Size şol çagadan ötünç soramak gerekmi?
4.* Aşakda getirilen setirlerde öz çagalaryňyza teselli we goldaw teklip edip
başlamakçy bolýan usullaryňyzyň sanawyny düzüň. Soň usullaryň birini
şu hepdede durmuşa geçirmek üçin saýlaň we ony towerek aýlap belläň.
5.* Çagalaryňyzyň durmuşynda nähili wakalaryň durandygy barada
pikirleniň. Siz nähili pikir edýärsiňiz, siziň teselliňiz we goldawyňyz
olara haçan gerek bolup biler? Wajyp bolan zatlaryň hemmesine
öňünden garamak we şol pursata taýýarlanmak üçin siz häzir näme
edip bilersiňiz?
ATA - BAŞ GORAGÇY HÖKMÜNDE
8
Meniň gowy bir dostumyň gyzy Deniz, bir gezek mekdebindäki mugallymasy bilen tersleşýär. Mugallyma Denizi etmedik zadynda günäkärleýär.
Göni subutnamalaryň ýokdugyna seretmezden, mugallyma, gyzjagazy
sapaklardan soň alyp galyp ýa-da wagtlaýynça mekdebe gelmegi gadagan
edip, jezalandyrjagyny aýdyp, haýbat atýar. Deniziň birnäçe gezekki
garşylygyna hem-de özüniň günäsizdigi baradaky ynandyrmalaryna üns
bermezden mugallyma öz jezasyny bermegi niýetine düwüpdir.
Betbagt hem gorkan Deniz: „Men kakama jaň etjek“ — diýip berk
aýdýar.
„Bize hatda munam etmek gerek, dogry dälmi?“ — diýip, gyzynyň
çaklanylýan etmişine Deniziň kakasynyň keýpi gaçar hem-de gaharlanar
diýip pikir edýändigi görnüp duran mugallyma seslenýär.
Soň mugallyma Denizi konselýariýa alyp barýar-da, gyzjagaz jaň
edip bolan wakany kakasyna gürrüň berip bolýança ýanynda durýar.
„Häzir ol gelýär“ — diýip, göz ýaşdan ýaňa myžžygy çykan Deniz
trubkany goýanda aýdýar.
Birnäçe minut geçenden soň, Deniziň kakasy mekdebe gelýär-de,
bolan wakanyň anygyna ýetmek üçin öz gyzy we mugallyma bilen bile
oturýar. Bolan wakany telefonda Denizden eşiden ata, onuň özenini
düşündirmegini mugalymadan haýyş edýär. Ol, gaharly we günäkärleýji
äheňde gürläp, şeýle hem edýär.
Ahyrsoňunda, Deniziň kakasy ýerinden turýar-da: „Men ýeterli
diňledim“ — diýýär. Gyzynyň egninden gujaklap, ol mylakatlylyk
bilen günäkärlemeli däl adamy günäkärleýändigini, sapaklardan soň
hiç hili alyp galmany, mekdepden wagtlaýyn çykarmany we şuňa
meňzeş jezalaryň gyzyna berilmegini islemeýändigini mugallyma
duýdurýar. Ol konselýariýadan Deniz bilen çykýar-da, mugallyma
88
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
bilen gürrüňini gutarýança şol ýerde durmagyny ondan haýyş edýär.
Soň ol konselýariýa gaýdyp gelýär-de, gyzynyň günäsizdigine näme
üçin ynanandygyny düşündirýär, şeýle hem gyzjagazyň öňünde ötünç
soramagy zerur hasaplaýandygyny aýdýar. Mundan soň ol çykýar. Çykalganyň öňüne ýetip barýarka, ol gyzynyň ýene-de aglajak bolup duranyny
görýär.
Hemme zat geçdi hasaplaýandygy üçin kakasy: „Näme boldy“ —
diýip geň galyjylykly soraýar.
Deniz gözýaşyny zordan saklap ýylgyrýar-da, kakasynyň boýnundan
gujaklap: „Kaka men sebäpli bu ýere geleniň üçin sag bol, sen meniň
goraýjym“ diýýär.
Şol gün kakasy gyzyna diýseň wajyp bolan bir zady düşündirdi. Şol
pursatda, wakalar adaty ýaly bolup görnüp bilerdi, ýöne özi üçin
gaçybatalga bolup hyzmat edendigi sebäpli gyzynyň minnetdarlygyna
mynasyp boldy. Bu waka gyzjagazyň aňynda howpsuzlyk we goraglylyk
duýgusyny döretdi (güýçlendirdi). Şonuň üçin indi ol: „Men kakama bil
baglap bilýärin, kynçylyga düşen wagtym men oňa ýüzlenip bilerin; ol
meni gorar hem meniň aklawçym bolar“ — diýip, ol pikir edip bilýärdi.
Bu gün çagada şunuň ýaly garaýşy terbiýelemeklik atalar üçin aýratyn
wajyp zat bolup durýar. Häzirki zaman ýetginjekleriniň köp bölegi
jemgyýetiň geljegine gussaly duýgylar bilen seredýär. Köpler hatda öz
geljegine-de umydyny ýitiren ýaly bolup görünýär. Olar gorky we
birahatlyk ýagdaýyndan geçýärler. Ondan alty mekdep okuwçysy, özüni
öldürjek1 bolan ýa-da öldüren ýaşytdaşyny tanaýandygyny aýdýar. Üçden
birisi bolsa, mekdebe ýarag getirýän ýoldaşynyň bardygyny aýdýar.2 Köp
ýetginjekleriň (nika çenli jynsy gatnaşyklar ýa-da neşe ulanmak ýaly)
howply ýa-da kanuna garşy hereketlere goşulýan dostlary ýa-da tanyşlary
bar. Beýleki derňewleriň gidişinde 68% ýetginjegiň biziň dünýämiziň
geljeginiň bardygyna ynanmaýandygy äşgär boldy. 32% ýadro partlamasy
netijesinde heläk bolarys diýip hasaplaýar.
Şu gorkular hatda kiçi ýaşly çagalaryň arasynda-da bar. Birnäçe ýyl
mundan ozal Nadin Brozan „Nýu-Ýork Taýms“ gazetinde, başlangyç
mekdebiň okuwçylarynyň arasynda ýaýran iň esasy bäş gorka degişli
bolan derňewiň netijelerini çap etdi. Ýigrimi ýyl mundan ozal bu gorkularyň hataryna: gaty sesden, garaňky otagdan, beýiklikden, ýabany
haýwanlardan, nätanyş adamlardan gorkmaklyk girýärdi. Bu gün kiçi
synplaryň ortaça okuwçysy aýrylyşmanyň netijesinde ene-atasynyň
birini ýitirmekden, ogurlygyň, talaňçylygyň, zorlanmanyň pidasy
bolmakdan ýa-da rak keseli bilen kesellemekden gorkýarlar.3
Şunuň ýaly ýagdaýda çagalar aklyňy çaşyryp barýan dünýäniň
Ata - baş goragçy hökmünde
89
howplaryndan we göwnüçökgünliginden gizlener ýaly howpsuz ýere we
gaçybatalga mätäçdir. Olara gom wagty penalar ýaly ýer gerek. Olara öz
ýaralaryny bejerip, ýeňillik hem rahatlyk tapar ýaly ýer zerur.
Ine, men öz çagalarym üçin näme bolasym gelýär. Meniň öz Atam
ýaly bolasym gelýär.
ATA – YGTYBARLY GALADYR
Durmuşynyň iň agyr döwründe, patyşa (özüniň iň gowy dostunyň
kakasy) tarapyndan yzarlanmalara, haýbat atmalara sezewar edilen
Dawut atly çopan, gizlenip ýaşamaga mejbur bolupdyr. Ol milli gahryman
bolupdy, indi bolsa kowulan adamdy. Ol patyşanyň nökeridi, indi bolsa
gowakda ýatýardy. Ol öz patyşasyna wepaly gulluk edipdi, patyşanyň
maslahatçylary bolsa oňa patyşanyň öňünde töhmet atdylar. Ol Ysraýylyň
indiki patyşasy diýlip yglan edilipdi, emma onuň geljegi indi gaýgyly
bolup görünýärdi. Ol rehimdarlyk edip, patyşanyň janyny halas etdi, indi
bolsa patyşa onuň kastyna çykypdy.
Kynçylyklar şeýle bir onuň daşyny alypdy welin, Dawut özüni
ýolbarslaryň arasyndaky adam ýaly duýýardy. Ol, ýyrtyjy haýwanlaryň
arasynda edil çaga kimin sandyraýardy. Ol, özüni kynçylyklaryň astynda
bükülen ýaly duýýardy. Ahyrsoňunda, Dawut çekýän sütemleriniň arasynda Atasyna, öz Hudaýyna ýüzlendi:
Maňarehimdarbol,eýHudaý,maňarehimdarbol,çünki
janymSaňasygynýar;hawa,weýrançylykgelýänçä,men
Seniňganatlaryňkölegesindepenalaýaryn(Zebur
Seniňganatlaryňkölegesindepenalaýaryn
(Zebur 57:1)
57:1).
.
Emma birnäçe ýyl geçenden soň, Dawut patyşa boldy, duşmanlaryny
jezalandyrdy, bölünen patyşalygy birleşdirdi we öz halkynyň hormatyny,
sylagyny gazandy. Bu zatlaryň hemmesine ýetmeklik oňa nädip başartdy?
Dawut ýene-de mezmurda jogap berýär:
Senisöýýärin,ýaReb,eýmeniňGüýjüm.Rebmeniň
gaýam,galamwehalasgärimdir;sygynýangaýam,
galkanym,gutulyşymyňkuwwatywebelentdiňimdir
(Zebur 18:1-2)
18:1-2).
.
Ine, biziň Ata Hudaýymyz kim eken! Ol biziň goragymyzdyr, galamyzdyr, gaçybatalgamyzdyr.
90
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Rebezilýänlerepenabolar,muşakgatlyçaglardapena
bolar(Zebur
bolar
(Zebur 9:9)
9:9)..
GoşunlarRebbibiziňbilendir;ÝakubyňHudaýybiziň
penamyzdyr.Sela(Zebur
penamyzdyr.Sela
(Zebur 46:7)
46:7)..
...Rebmübärekdir.MeniňmerhemetliHudaýym,berkitmäm,
belentgalamwehalasgärim,galkanym,sygynýanym,
halkymymaňagolastyedenOldur(Zebur
halkymymaňagolastyedenOldur
(Zebur 144:1-2)
144:1-2)..
Merhemetiňnähiligymmatly,eýHudaý!Adamogullary
Seniňganatlaryňkölegesinesygynýar(Zebur
Seniňganatlaryňkölegesinesygynýar
(Zebur 36:7)
36:7)..
Biziň iň gowy Hudaýymyz Öz çagalary üçin güýç çeşmesi we
gaçybatalgadyr. Biz töweregimizdäki dünýä tarapyndan edilýän basyşlardan
we duşmançylykdan howpsuzlygy diňe Ondan gözläp bileris. Ol — biziň
düşelgämizdir.
Meniň hut şunuň ýaly ata bolasym gelýär. Onuň ýaly hemme zady
başarýan, onuň ýaly hemme zady bilýan bolmajagymy düşünýärin. Öz
çagalarymyň, ilkinji nobatda biziň gökdäki Atamyza ýüzlenmegini
isleýärin. Rebbiň meniň üçin gala we gaçybatalga bolşy ýaly, özleri üçin
hem Onuň şeýle boljakdygyny olaryň bilýändigine ynamly bolmak
isleýärin.
Şeýle hem men, öz Atam nähili bolsa, şonuň ýaly bolmaga
synanyşmaga çalyşýaryn. Men Oňa meňzemek isleýärin. Men öz
çagalarym üçin gaçybatalga bolmak isleýärin. Dünýäde, özleri gaçyp
barar ýaly, howpsuz ýeriň bardygyny, ol ýeriň hem kakasynyň
ýanyndadygyny çagalarymyň bilmegini isleýärin. Men olaryň özümde
hemişe — durmuş harasatlaryndan, deň-duşlarynyň duşmançylygyndan,
ýigitlik hasratyndan, göwnüçökgünlikden, üstünden gülünmelerden —
buky tapyp biljekdigini bilmeklerini isleýärin. Eger olaryň aňyna,
kakasynyň özleri üçin hemişe düşelge bolup biljekdigi guýulsa, onda olar
özlerini diňe bir öýde we maşgalada göraglylyk duýgusy bilen bolman,
eýsem, öz içinde-de şeýle bolar. Eger olar arkalarynda goramaga,
penalamaga, goldamaga taýýar bolan biriniň duranyny bilseler, onda
özüne baha bermesini we özüne ynamlylygy ösdürmäge köp esasly
bolýarlar.
Edil beýlekilerde bolşy ýaly, bu meseläni hem diňe öz aklyma we
güýjüme daýanyp etjek bolsam, onda ony amala aşyrmak asla mümkin
bolmaz. Ýekelikde hereket etmek bilen men her gezekde şowsuzlyga
Ata - baş goragçy hökmünde
91
uçraryn. Emma menem edil siz ýaly ýeke däldirin. „Özümi güýçlendirýän
(Isa) Mesih arkaly her zady etmegi başarýaryn“ (Filipililer 4:13). Eger
aşakdakylar ýaly birnäçe esasy ugurlarda hereket etmäge Mukaddes
Ruha mümkinçilik berip, Ol arkaly Ata Hudaýa bil baglasaňyz, sizem
edip bilersiňiz. Ol ugurlar şular:
ÖWRÜLIŞIGE TAÝÝARLYK
Bir gezek men, gyzym Kellini mekdepden alyp gaýtdym. Biz seýilgähiň
meýdançasynyň içinden geçip, maşyna tarap barýarkak gyzym garaşylmadyk ýagdaýda: „Kaka, sen Jim Bekker barada näme pikir edýärsiň?“
diýip sorady. Şol günlerde telewizion Hoş Habar wagyzçylary Jim we
Temmi Bekkerleriň atlary täzelikler programmalarynda hemişe eşdilýärdi.
Olaryň PTL telewizion imperiýasyny weýran eden dawa, gyzymyň
synpynda ara alyp maslahatlaşmaly mowzuk bolupdyr.
Köp ruhy çopanlaryň hem-de beýleki mesihileriň PTL-däki dawa üns
berendigini: „Bu örän ýigrenji zat“, „Olary ruhy meselelerden aýryp
zyňyp goýbermeli“, „Onuň asla mesihi däl bolmagy mümkin“ diýen ýaly
pikirlerini aýdandygyny eýýäm eşitdim. Bu aýdylan zatlardaky göwni
galanlyk, gazap duýgularyna men düşünýärin, ýöne ýene-de käbir zatlara
düşündim. Jim Bekker barada şunuň ýaly zatlary aýdýan her bir ruhy
çopanyň, öz ýygnagyndaky ýaşlaryň: „Eger sen bela-betere uçrasaň,
meniň ýanyma gelme“ diýen ýaly pikire ynanma töwekgelçiligini öz
üstüne alandygyna gynanç bilen akyl ýetirdim. Munuň ýaly, ýagny
„Eger nikada bolmazdan nikada bolsaň, onda meniň ýanyma geläýme,
men seni gözümi-de gyrpman ýazgararyn“ diýen ýaly pikiriň esasan hem
ähli ýetginjek gyzlara täsir edäýmegi mümkindi. Jim Bekkeriň hereketine
öz garaýşyny şunuň ýaly usul bilen bildiren mesihi ene-atalar çagalaryna:
„Biz seniň ýanyňda diňe neşe etmeýärkäň, içmeýärkäň, göwreli bolmaýançaň, betbagtlyga üçramaýançaň bolarys“ diýen ýaly zada ynandyrmaklyga
töwekgelçilik etdiler.
Men Kelliniň soragyna nädip jogap bereýin? Men nädip özümiň on üç
ýaşly gyzyma, meniň günä bolan garaýşym bilen günäkäri ýazgarmanyň
arasynda serhet bardygyny nädip düşündireýin?
Men ýuwdunyp, dodagymy dişledim-de: „Eýjejigim, Jim Bekker
nädogry hereket etdi. Bu günädi“ — diýdim. Munuň näme üçin günädigini, sebäbi Jim Bekkeriň Jessika Han bilen myhmanhanyň otagynda
duşuşandygyny düşündirdim. Soň hem şeýle diýdim: „Şeýle zatlar bolan
hem bolsa, Kelli, seniň ýene-de käbir zatlara düşünmegiňi isleýärin.
Hudaý Jim Bekkeri, seni, meni söýşi ýaly söýýär. Isa Mesih meniň we
92
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
seniň üçin ölşi ýaly, Jim Bekker üçin hem öldi. Eger Reb Jim Bekkeri
bagyşlap bilmese, diýmek, onda Ol ikimizem bagyşlap bilmez“.
Biz seýilgähiň meýdançasynyň içi bilen ýuwaşja ýöremegimizi dowam
etdirdik. Kelli birnäçe minudyň dowamynda hiç hili jogap bermedi. Meniň
kellämde bolsa, birgiden pikirler iki ýana at salýardy, men olary gyzym
bilen paýlaşmak isleýärdim. Ahyrsoňunda men uludan dem alyp, şeýle
diýdim: „Eýjejigim, gel hemme zada hakykat nazaryndan seredeli. Eger sen
göwreli bolsaň, kakaňyň nämeleri başyndan geçirmeli boljakdygyny göz
öňünde getirip bilýäňmi? Meni duranja ýerimde haça çüýlärdiler. Bu ýerdäki
ýygnanyşygymyzyň ýarty adamy menden ýüz öwrerdi. Bütin ýurdumyzdaky
— mesihi ýolbaşçylaryň, žurnallaryň neşirçileriniň, žurnalistleriň, Hoş
Habarçylaryň hemmesi — meni durşuma iýerdiler“.
Kelli maňa seretdi. Onuň mawy gözleri tolgunmadan ýaňa uludan
açylypdy. Ol: „Men muny bilýärin kaka“ — diýdi.
„Ýöne, meniň gowuja gyzym, seniň ýene-de bir zady bilmegiňi
isleýärin. Eger sen hakykatdanam göwreli bolsaň, adamlaryň aýtjak
zatlarynyň maňa tapawudy bolmaz. Men olara arkamy öwrerin, ýöne
saňa beýle zady edip bilmen. Men seni gujaklaryn, biz bu zatlaryň
hemmesiniň içinden bileje geçeris“ — diýdim.
Edil şu pursatda meniň on üç ýaşly gyzym kitaplaryny göni asfaltyň
üstüne gaçyrdy-da, aglady, soň meni gujaklabam: „Men bilýärin, sen
şeýle ederdiň kaka“ — diýdi.
Häzir köpleri, men örän töwekgelçilik etdim öýderler, sebäbi Kelliniň:
„Kakam meni islendik ýagdaýda-da söýer, şonuň üçin meniň nikasyz
göwreli boljagymyň bolmajagymyň tapawudy ýok“ — diýip pikir etmegi
mümkindi. Ýöne men munuň üçin birahat bolubam durmadym, sebäbi
onuň üçin hemişe, diňe bir göwreli bolaýan ýagdaýynda däl-de, başga
betbagtçylyklarda hem gaçybatalga bolmak isleýärdim. Men onuň — onuň
inisiniň hem-de uýasynyň — özleriniň goragçysy, howpsuz ýeri, gom bolan
wagtynda olaryň penasy bolmak isleýändimi bilmeklerini isleýärin.
ÜNSLÜLIGI WE SYNÇYLYGY GÖRKEZMEK
Meniň dostum Norm Ueýkfild ikimiziň bile ýazan kitabymyzda ünslüligi
görkezmegiň wajyplygy barada ýazýar:
Meniň oglum Joýel (şol wagtlar sekizinji synp okuçysydy) mekdepden gaty gaharly geldi. Men özümiň iş otagymdadym, şonuň
üçin hem onuň gapyny tarkyldadyp ýapanyny, gödek gürleşenini
eşitdim. Günortanlyk naharyň başynda bolsa ol yzgytsyz hem
Ata - baş goragçy hökmünde
93
içýakgyçdy. Soňurak agşamara men ýene-de öz otagymda otyrkam,
onuň öz otagynyň gapysyny gaharly ýapanyny eşitdim.
Birden men aklyma gelen ýaly boldum: Joýelibirwajypzat
birahatedýänbolmaly.. Soňky birnäçe sagadyň dowamynda onuň
birahatedýänbolmaly
gaharly bolandygy göze ilip durdy. Men onuň otagyna bardym-da:
„Joýel, men häzirjek mekdepden gaharly gelendigiňe düşündim.
Belki, mekdepde bir zat bolandyr, senem şol zat hakda gürleşmek
islänsiň?“ — diýip soradym.
Meniň oglum hamsygyp başlady (açygyny aýtsam, onuň
kynçylygyny öňräk görmändigim üçin özümi akmak saýdym).
Oglanjyk özüni gynaýan zat barada — okuw otagynda bolan waka
barada — gürrüň berdi. Oňa mugallym nädogry düşünipdir-de,
käýäpdir. Munuň hötdesinden nädip gelmelidigini bilmän, oglum
öýe gelipdir we öz gaýgysyny erbet hereketleriniň üsti bilen
görkezipdir... Ahyrsoňy muňa düşünenim gowy bolaýdy“.
Eger siz gaçybatalga bolmak isleýän bolsaňyz, onda sizden ünsli we
synçy bolmaklyk ynan edilýär. Bu çagalaryňyzyň keýpini duýmaklygy
aňladýar. Bu olaryň kynçylyklaryna we birahatlygyna hormat goýmaklygy
aňladýar. Bu olaryň dostlary bilen tanyşmaklygy aňladýar. Munuň olaryň
seredýän telegepleşikleriniň birnäçesine seretmekligi, hatda (o-o-oh!)
halaýan sazlaryny diňlemekligi hem aňlatmagy mümkindir.
Meniň tanaýan bir adamymyň, öýde işleýän atanyň, çagalary okuwdan
öýe gaýdyp gelende, olary garşy alyp, salamlaşma endigi bardy. Soň olar
nobat boýunça, onuň dyzynda oturmak (olar eýýäm ýetginjekdiler), şol
günüň mekdepde nähili geçendigini kakalaryna gürrüň bermek üçin iş
otagyna girýärdiler. Adatça, bu iş onuň on bäş minut iş wagtyny alýardy,
ýöne şeýle-de bolsa, bu oňa çagalary bilen „dostlukly gadam urmaga“
mümkinçilik berýärdi. Çagalara bolsa mekdepdäki gününiň soňunda, öz
meselelerini we şatlygyny kakalary bilen paýlaşmaga mümkinçilik
berilýärdi.
Bu usulyň size amatly bolmazlygy mümkin. Ýöne şonda-da, öz çagalaryňyza ünsli bolmaga, olara näme bolýandygyny hemişe duýmaga
mümkinçilik berýän bir zady tapjak bolýandygyňyza degýändir.
DIŇLEMEGI BAŞARMAK
Özüniň on sekiz ýaşly ogly babatda howsala düşýän bir üstünlikli işleýän
telekeçi, maslahat sorap Normuň ýanyna gelýär. Bu ata, oglunyň dogry
delilleriniň ýokdugyny, neşe edýändigini, erbet gatnaşyklary ýola
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
94
goýandygyny gürrüň berýär. Ata bilen ogluň arasyndaky gatnaşyk bolsa
kynlaşyp, kesilere gelipdir.
Norm bu ata käýemek ýa-da takal okamak üçin däl-de, ony diňlemek
üçin ogluny öýden başga bir ýerde nahar edinmäge äkitmegi teklip
edipdir: „Siziň wezipäňiz — ogluňyza gyzyklanma bildirmek. Oňa gulak
asyň“.
Telekeçi indiki hepde ýene gelende duşuşygy suratlandyrýar.
„Muňa ogluňyz nähili garady?“ — diýip, Norm sorady.
Ata şeýle diýip başlady: „Ol bütin naharyň dowamynda haçan gök
gürrüldärkä diýip garaşandygyny aýtdy“. Hemişe gürrüňleşmäge
başlanlarynda, hut şunuň ýaly hem bolany üçin ogly haçan kakasy
ýazgaryp we duýduryş berip başlarka diýip garaşypdyr. Kakasynyň ýöne
bir özüni diňlemek isländigi ogluny geň galdyrypdyr.
Çagalar üçin hakykatdan hem gaçybatalga bolmak isleýän atalar,
özlerinde diňlemek sungatyny ösdürmelidir. Biziň çagalarymyz ýygyýygydan gözi ýaşly, gaýgyly, betbagt bolup öýe gelýärler. Olar öz
kynçylyklaryny aýdyp başlan badyna biz, atalar, duýduryş, igenç, düzgün
ýa-da maslahat bilen taýýar durýarys:
„Men saňa aýtmanmydym?“
„Sen nämäniň pikirini etdiň?“
„Seniň şeýle samsyk hereket edeniňe ynanyp bilenok!“
„Ýok, bu soňky damjadyr!“
„Ýeri bolýa-da, ine indi sen näme etmeli...“
Eger biz atalyk gatnaşyklaryny guranymyzda doga edip, Onuň
keşbini öz atalyk borjumyzda şöhlelendirmäge synanyşýan bolsak, onda
ilki bilen diňlemäge, wakany tutuşlygyna bilmäge wagt sarp edip, tankyt
etmekden ýa-da ýazgarmadan saklanmaly-da, biziň tiz netijä gelmegimizden ýa-da ýazgarmaga howlukmamyzdan gorkman, kynçylygyny aýdyp,
içini döker ýaly çagalarymyza maý bermeli.
HAKYKATY SÖÝGI BILEN AÝTMA UKYBY
Çagalarymyz barada aýdan ortaça on sany ters zadymyza, bir sany oňat
aýdylan zadyň düşýändigini biz - atalar, ýadymyzda saklamagy bes
etsek, onda çagalarymyzyň gaçybatalgany başga ýerden näme üçin
gözleýändigine aňmak kyn däldir. Nähili ynsaply we ýüregiýuka bolsada, atalaryň köpüsi köplenç tankyda ýugrulan duýduryşlar, buýruklar,
ynanlar bilen pikirini aýtmaga çalyşýarlar.
Ine, näme üçin aýdýan zadymyzy ölçerip dökmegimiz şeýle wajyp
eken. Resul Pawlus bize: „Agzyňyzdan hiç haçan hapa söz çykarman,
Ata - baş goragçy hökmünde
95
gaýtam, eşidenler peýdalanar ýaly, gerekli abatlyk üçin oňat sözler
aýdyň“ (Efesliler 4:29) diýip duýdurýar.
Biziň aýdýan zatlarymyz adatça iki toparyň birine degişli bolýar: 1)
weýran ediji, tankydy, bähbitsiz maglumata ýa-da 2) oňat, goldaýyjy we
öwüt-ündew beriji maglumata.
Aýdaly, biz siziň bilen bir otagda otyrys. Siz meni tanaýarsyňyz,
şonuň üçin hem özüňizi tanatjak bolýarsyňyz. Siz meniň ýanyma gelip,
eliňizi uzadýarsyňyz-da: „Salam, Joş, men...“ — diýip gürläp başlaýarsyňyz. Emma men size gürrüňiňizi gutarmaga maý bermän, elimi salgap
goýberýän-de, dulugyňyza çalýaryn. Siz aňk-taňk bolýarsyňyz, özüňizi
kemsidilen duýup, meniň hereketime gaharlanýarsyňyz. Indi, näme
etmelidigi hakda oýlanyp, bir burça çekilýärsiňiz-de, ol ýerde bir salym
durýarsyňyz. Ahyrsoňunda, ýene-de synanyşyp görme kararyna
gelýärsiňiz. Ýöne bu gezek meniň hereketlerime üns berip, habardarrak
bolýarsyňyz. Men ýene-de elimi galdyryp, sizi urýaryn. Sizýenenäçe
gezekmeniňýanymagelmägesynanyşarsyňyz?
Biziň sözlerimiz hem, edil fiziki urgy ýaly agyry berip biler. Sözler
ýaralaýarlar. Sözler ýara yzlaryny galdyrýarlar. Eger biz tankyt, igenç,
ýazgarma bilen çagalarymyzyň üstünden düşsek, onda beýle etmek
bilen, olaryň betbagtlylyga uçran mahaly biziň ýanymyza ylgap gelme
isleginiň öňünde gapyny şarkyldadyp ýapýarys. Eger-de, başga bir
tarapdan, kynçylykly ýagdaýa oňat ugurdan seredip, „hakykaty söýgi
bilen aýtsak“,4 onda özümizi çagalarymyz üçin gaçybatalga hökmünde
görkezýäris.
ÇAGALAR BILEN DEŇ GADAM URÝARYS
1992-nji ýylda bolup geçen Barselonadaky olimpiada oýunlarynda,
sportuň taryhynda has ýatda galyjy bir waka boldy.
Beýikbritaniýaly Derek Redmond altyn medaly gazanmak baradaky
öňden edip ýören arzuwyny amala aşyrmagyň ýolundady. Ol 400 metr
aralyga ylgamak ýaryşynda ýarym finala çykdy. Ol start sapançasynyň
sesi ýaňlanan badyna gowy bat aldy. Derek öz durmuşyndaky iň esasy
aralyga ylgady, ol sag aýagyndaky ýiti agyryny birden duýan wagty
pellehana hem eýýäm ýakyndy. Ol damary ýarylyp, göni ylgaw ýolunda
ýykyldy. Derek üçin ýaryşlar gutardy.
Ol ýanyna lukmanlar ylgap gelýänçä aýak üstüne galmaga synanyşdy.
Beýleki sportsmenleriň özüni bireýýäm ýetip ötüp gidendigine
seretmezden, ol çalaja böküp, agsaklap, agyrynyň gözýaşlary we
ýüzündäki ruhdan düşme alamaty bilen aralygy geçmekligi niýet edinip,
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
96
zordan öňe hereket edip başlady. Birden, gapdaldaky garawullaryň
ýanyndan bir erkek adam okdurylyp çykdy-da, ylgaw ýoluna tarap ylgady.
Ol Deregiň ýanyna howlugyp bardy-da, ony gujaklady. „Saňa
beýtmek asla hökman däl“ — diýip, ol aglaýan ogluna aýtdy.
„Ýok, men edäýmeli“ — diýip, Derek jogap berýär.
„Bolýa, onda muny ikimiz bile ederis“ — diýip, kakasy aýdýar.
Deregiň kakasy oglunyň egninden gujaklaýar, şeýdip olar töweregine
ýygnanan garawullary ýolundan aýryp, pellehana tarap ýönelýärler. Olar
bilelikde agsadylar we çalaja bökdüler, käwagt bolsa Derek kakasynyň
egnine ýüzüni berip gysmyljyrady, ýöne şonda-da, olar ylgaw ýoluny
pellehana çenli doly geçdiler.
Tomaşa edip oturan märeke bu adaty bolmadyk tomaşa ilki başda geň
galyp seretdi. Soň janköýerler biri beýlekisiniň yzyndan ýerinden galyp,
duran ýerlerinden ogluň bu maksada okgunlylygyny we çydamlylygyny,
atanyň goldawyny ses bilen makulladylar we ruhlandyrdylar.
Öz çagalaryma goldaw bermek üçin, ylgaw ýoluna çykman näçe
gezek zordan saklanypdym? Örän köp gezekdigini boýun almalydyryn.
Öz çagalarymyz üçin gaçybatalga bolmak, olaryň gapdalynda
ylgamaklygy, agyry we göwnüçökgünlige sezewar bolanlarynda olary
götermegi däl-de, ýanynda bolmaklygy aňladýar. Bu olara: „Biz bu
zatlaryň hemmesini bile çekeris“ diýmekligi aňladýar. Bu gözüni dikip
oturan märekä çydam edip, tankytçylaryň dat-bidatyny äsgermezlik
etmekligi aňladýar. Bu özüňi howp astyna salmaklygam aňladyp biler.
Munuň ussatlyk nukdaýnazarynda gaty bir paýhasly bolmazlygam
mümkin, ýöne perzendiňiň: „Sag bol kaka, sen meniň goragçym“ diýen
sözüni eşitmek üçin şunuň ýaly edeniňe degýändir.
PAÝHASLY ÇÄKLENDIRMELERI GURMAK
Öz çagalaryňa gaçybatalga bolmak üçin, çagalaryna garşy hiç zat
diýmeýän we hiç hili jezany ulanman, hemme zada rugsat berýän eneata bolmaklyk asla ynan edilmeýär.
Bir gezek Koliforniýanyň Juliene şäherinde, öýümizden beýle bir
uzak bolmadyk ýerdäki dagly ýerde gezelenç edip ýördüm. Ol ýerde
Amerika ýapyk furgonda bile syýahat eden bir adama duşdum. Ol
gatyrlaryny ýakyndaky otluk ýerde otlatmak üçin saklandy. Biz onuň
bilen gürrüň etdik. Görüp otursam, onuň haýwanlary köpeltmek boýunça
uly tejribesi bar eken. Men oňa şeýle sorag berdim: „Mysal üçin, siziň
gatyrlaryňyz ýaly haýwanlary köpeltmek üçin bu ýerdäki haýsy şert has
gowy? Açyk otly meýdanlarmy, daşyna germew aýlanan uly örümi ýa-da
Ata - baş goragçy hökmünde
97
korral?“ (Korral iňlisçe corral) — iri öý haýwanlaryny (sygyr, at we
ş.m.) saklamak üçin niýetlenen tikenli symlardan we agaç gurluşdan
haýat edilen ýeriň uly bolmadyk meýdany).
Ol ikirjiňlenmezden:“Elbetde, daşyna germew aýlanan öri“ — diýip
jogap berdi.
„Näme üçin?“ — diýip, men ondan soradym.
„Sebäbi haýwanlar açyk otly meýdanlara çyksalar, olaryň ýitäýmegi
mümkindir. Ýyrtyjy haýwanlar olaryň üstüne köp topulýar. Açyk ýerler
örän howpludyr. Eger olary korralda saklajak bolsaň, onda olary hemişe
hemme gerek zat bilen üpjün edip durmaly bolýarsyň. Olar töwerege
aýlanyp, özleri iýmit tapyp bilmeýärler. Emma daşyna germew aýlanan
gowy açyk meýdana goýberseň, olara gerek bolan zatlaryň hemmesi
öňlerinde bolar. Mundan başga-da, olar arkaýyn hereket edip bilerler“.
Bu gürrüň Mukaddes Kitapda aýdylan zada örän meňzeşdir. Özümizi
söýýän Atamyz „ýaşyl örülerde ýatyryp, siňňin akýan suwlaryň boýuna
äkidip,“ (Zebur 22:2) bize gerek bolan zatlaryň hemmesini berdi. Şeýle
hem germew — bizi Mesihde halas eden Özüniň kämil kanunyny,
azatlyk we hakykat kanunyny berip (Ýakup 1:25, Ýahýa 8:32) — aýlady.
Daşyna germew aýlanan öri diňe bir haýwanlar däl-de, çagalar üçin hem
gowudyr. Ene-atasy zabun, hemme zada rugsat berýän bolmasa, çagalar
sagdyn çäklendirilmeleriň içinde gülläp ösýärler.
Eger ata, alada bilen gurşalan, çaganyň gaharyny getirmek üçin
gollanma bolup hyzmat etmeýän (Efesliler 6:2) sagdyn çäklendirmeleri
dikelden bolsa, çaga gaçybatalga gözläp, kakasynyň ýanyna ylgap geler.
Atalar, öz çagalary üçin atalyk söýgüsine, mährine, aladasyna esaslanan
serhetleri kesgitlemekde jogapkärçilik çekýändir.
GOLDAW ULGAMYNY GURMAK
Amerikan medeniýetiniň erkekleri garaşsyz we öz kynçylygynyň
hötdesinden özi gelip bilýän, özüni oňarýan adamlar hökmünde
şekillendirýän garaýşy bardyr. Köp erkek adamlar nähilidir bir mätäçliginiň
ýa-da kynçylygynyň bardygyny aňsat boýun almaýarlar. Köpüsine bolsa,
başgalara kömek sorap ýüzlenmek agyr düşýär.
Ýöne çaga gaçybatalga bolmak üçin goldaw ulgamyna gatnaşmaklyk
ynan edilýär. Bu hemme mesihi jemgyýetlerine-de degişlidir. Çeşmeleri,
garaýyşlary, güýçleri we çagalarymyza howpsuz ýeri döretmek üçin,
ýygnagyňyzda, ýaşlar toparlarynda, ruhy çopanlar, mugallymlar, türgenleýijiler, maşgala dostlary ýaly pikirdeşleriň bilen bile işlemäge mümkinçiligiň bolmagynyň ägirt uly ähmiýeti bardyr.
98
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Heniz çagalarymyz ýaşka, şunuň ýaly özara gatnaşyklary dostlarymyz
Dik we Şarlotta Deýler bilen guramak bagty aýalym Dotti ikimize,
miýesser etdi. Biz biri-birimize ýakyn ýerde ýaşaýardyk. Biz köp
wagtymyzy bile, ýekelikde ýa-da bütin maşgala bolup geçirýärdik.
Mekdebe we ýygnanyşyga birnäçe maşynda bile giderdik. Deýler
maşgalasy bir ýere gitse, Makdauelleriň çagalaryny hem alyp gidýärdiler,
bizem olaryň çagalaryny şeýle ederdik.
Birek-birege kömek bermegiň bu ulgamy özüniň ajaýyp miwelerini
getirdi. Dikiň ogullarynyň biri bir gezek: „Eger sen meniň kakam
bolmadyk bolsaň, onda men kakamyň Joş bolmagyny islärdim“ — diýip
boýun alypdyr. Bir gezek men Hezerden öz pikiriçe kimiň iň gowy
atadygyny (elbetde, özümden başga) soranymda, ol: „Dik“ diýip jogap
berdi. Men öz çagalarymyň durmuşynda ýene bir „atanyň şekiliniň“
bardygyny bilýändigim üçin örän bagtlydyryn. Meniň çagalarym kyn
pursatlarynda oňa arkaýyn ýüzlenip bilerler.
Özara goldawyň şunuň ýaly ulgamy meniň çagalaryma goraglylyk
duýgusyny berýär. Men, elbetde, olaryň gaçybatalgany özümden
tapmagyny isleýärin, ýöne kyn ýagdaýda olaryň ýüzlenip biläýjek başgada uly adamlarynyň bolmagyny bilýändigimiz olara, meniň özüme-de
kömek edýär. Eger sizde özara goldawyň şunuň ýaly sistemasy ýok
bolsa, onda ony gurmaga başlaň. Bilelikde doga etmek we işlemek üçin
beýleki mesihileri çagyryň. Öz kynçylyklaryny kim bilen arkaýyn
paýlaşyp biljekdigini öz çagalaryňyzdan soraň. Öz çagalaryňyz we olaryň
çagalary üçin has elýeter bolmaklyga nädip ýetip boljakdygyny dostlaryňyzdan soramaga çekinmäň.
Biziň çagalarymyz dartgynly, ynan edijilikli, käwagt bolsa aljyradyjy
dünýäde ýaşaýar. Olaryň käbirleri — mekdeplerde, öýde, hatda ýygnakdada — akla sygmajak basyşlara sezewar edilýär. Olar howsalaly,
göwnüçökgün bolubam, özlerini goragsyz duýubam bilerler. Ýöne, eger
olaryň gaçybatalgasy — howpsuz ýeri bar bolsa, özlerinde goraglylyk
duýup bilerler hem-de nähili ýagdaý bolanda-da, kakasynyň özlerine
ynanyp, gorap, goldap, ýanlarynda boljakdygyna ynamly bolup bilerler.
Eger biz muny — olaryň öz kakalarynda hemişe gaçybatalga tapjakdygy
baradaky bilimi — çagalarymyza berip bilsek, onda tesellini neşeden,
alkogoldan gözlejegi gümanadyr. Olar gaçybatalgany deň-duşlarynyň
makullamasynda ýa-da şübheli dostlaryň toparynda gözlemezler. Kynçylyk
pursatynda olar öz kakasy tarapa öwrülerler. Oňa ynanarlar. Öz töwereginde
möwç alýan gomlaryň hötdesinden aňastlyk bilen gelerler.
Goý, her bir çaga gaçybatalgany biziň Atamyzda we öz kakasynda
tapsyn.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Hudaý siziň gaçybatalgaňyz bolup durýarmy? Gökdäki Atamyzyň
haýsy häsiýetleri sizi kyn pursatlarda Özüne ýüzlenmäge mejbur
edýär? Siz şol häsiýetleri şahsy durmuşyňyzda nädip şöhlelendirip
bilersiňiz?
2.* Indiki hepde-de çagalaryňyzyň her biri bilen (aýratynlykda) öýden
başga ýerde ertirlik ýa-da günortanlyk naharyny edinmegi guraň hemde Normuň ogly bilen kyn gatnaşykda bolan ata beren maslahatyny,
hemme wagtyňyzy diňlemäge bagyş edip, öz maksadyňyz edip
goýuň. „Häzir seniň nähili çynlakaý kynçylyklaryň ýa-da aladalaryň
bar?“, „Sen öz kynçylyklaryňy köplenç kim bilen paýlaşýarsyň?“,
„Öz kynçylyklaryň bilen meniň ýanyma gelmek isleýäňmi?“, „Meniň
bilen paýlaşmagy kyn görýän meseläň barmy?“ diýen ýaly soraglara
meňzeşräk soraglary beriň.
3.* Her bir çagaňyz üçin, olaryň kömege mätäç bolan bir taslamasyny
ýa-da meselesini belläň. Çagaňyz bilen „gapdal-ma gapdal“ ýöremek
hem ony goldamak üçin siz näme edip bilersiňiz?
4. Siziň çagalaryňyzda (ejesi bilen kakasyndan başga-da) nähili özara
goldaw ulgamy bar? Olaryň durmuşynda öz kynçylyklaryny arkaýyn
we ynamly paýlaşyp biljek başga-da uly adamlar barmy? Eger siz
bilmeýän bolsaňyz, onda çagalaryňyzdan soraň. Eger alnan jogap
ýaramaz bolsa, olaryň goldaw ulgamyny güýçlendirmek barada pikir
ediň.
5.* Aşaky getirilen setirlerde (ýa-da aýratyn bir kagyzda) çagalaryňyza
gaçybatalga we gorag bolmak üçin işlemesi zerur bolan ugurlaryň
sanawuny düzüň (mümkin boldugyça takyk jogap beriň).
ATA — DOSTDUR
9
Otuz ýaşly Maýk, öz kakasynyň jaýlanyş dabarasynda tabydyň ýanynda
göz ýaşyny ýuwdup durdy. Ol ýerdäkileriň köpüsi, ömrüniň otuz bäş
ýylyny ruhulyga berip, altynjy onlukda rakdan ýogalan adama soňky
hormatyny bildiripdiler. Tabydyň ýanynda edilen çykyşlarda onuň Hudaýa
bolan süýgüsi, adamlar bilen işleşme ukyby we maşgalasyna wepalylygy
barada ýatlanylyp geçildi. Her bir çykyş eden adam çyn ýürekden
gürleýärdi merhum we onuň abraýly ýaşan durmuşy baradaky ýatlamalary
aýdýardy. Diňe Maýk özüniň soňky sözünde kakasy baradaky ýatlamalary
hemmelerden köp aýtdy.
Ol, özi entek has kiçijikkä kakasynyň dyzlarynda oturyp, erteki yzyna
erteki diňlän günleri, welosiped sürmegi öwrenişi, balyk tutmaga
gidişleri, ýekeme-ýeke basketbol oýnaýyşlary, tennis oýnaýyşlary, suwa
düşülýän ýerdäki serfing, ýekeje ogly mekdebi gutaranda, soň öýlenende,
kolleji gutaranda kakasynda seýrek ýüze çykan duýgy alamatlary barada
gürrüň berdi. Mundan başga-da, ol ölüp barýan kakasynyň ýanynda
nobatçylyk edende, özleriniň uzak wagtlap eden ynançly gürrüňlerini
ýatlady.
„Ol meniň iň gowy dostumdy. Men kakamy küýsärin. Ýöne göwnüme men özümiň iň gowy dostumy has-da köpüräk küýsärin“ — diýip,
göz ýaşyny zordan saklap duran Maýk aýtdy.
Bir uly gurluşyk firmasynyň uly wise-prezidentiniň aýalynyň gürrüň
beren wakasyndaky bu soňky söz haýran ediji gapma-garşylyk bolup
hyzmat edýär. Bir gezek ol meniň ýerli ýygnakdaky çykyşymy eşidipdir,
şonuň üçin biraz soňurak restoranda meniň ýanyma geldi. Biz salamlaşan wagtymyz ol birden aglaberdi.
„Men siziň bilen derdimi paýlaşmak isleýärin. Meniň adamym täzelikde ýogaldy. Ol ýylda million dollar gazanýardy. Ol gurluşyk we taslama
Ata — dostdur
101
bilen meşgullanyp, bütin dünýä syýahat etdi, emma hiç haçan hatda
öýdekä-de, çagalaryna wagtyny sarp etmeýärdi. Çagalarynyň hemmesi
ondan ýüz öwürdi. Ulalanlarynda bolsa, onuň bilen dahylly bolmak
islemediler. Ölüm ýassygynda ýatanda ol özüniň dünýäde iň betbagt
adam bolup öljekdigini boýun aldy. Ol: «Men abraý gazandym, ýöne
maşgalamy ýitirdim...»“ — diýdi.
Şu iki atanyň haýsysyna öýkünmek isleýändigimi size aýtmagyň
gerek däldigine men ynanýaryn. Men Maýkyň kakasy ýaly kaka bolmak
isleýärin. Men çagalary bilen ýakyn gatnaşykdan lezzet alýan kaka
bolmak isleýärin. Men, gyzy kakasynyň işine „ýöne bir gürleşmek“ üçin
jaň edýän kaka bolmak isleýärin. Men, ogly öz toýunda sahyp bolmagyny kakasyndan haýyş edýän kaka bolmak isleýärin. Men öz çagalaryna
dost bolan kaka bolmak isleýärin.
Şunuň ýaly mesele köp erkekler üçin diýseň agyr iş bolýar. Elbetde,
bu häzir biziň günlerimizde bir ýa-da iki nesil mundan öňküden aňsat
boldy. „Newsweek“ žurnaly üçin makala ýazýan Jerri Adler şeýle gürrüň
berýär:
49 ýaşynda bolan San-Fransiskoly telekeçi Robert Býumenfeldiň,
kakasynyň özi bilen näçe gezek (bir gezek) top oýnany, oglunyň
mekdebi tapawutlanyp gutaranyny eşidende: haýsydyr bir on
sekiz ýaşly ýigidiň häzirjek bir beýsbol komandasy bilen 100
000 dollarlyk ylalaşyga gol çekendigini aýdany şu wagta çenli-de
ýadyndadyr.. Demirgazyk Karolinanyň Çepel Hill şäherinden bolan
kyrk alty ýaşly injener Den Kenigshofer „kakasynyň hiç balmanda
ýekeje gezegem ogluny (özüni) söýýänini aýdanynyň“ ýadyna
düşmeýändigini aýdýar (hatda kakasynyň özüni hakykatdanam
söýýändigine, ýöne 50-ýyllara mahsus bolşy ýaly sessiz söýýändigine
ynansa-da, ony kakasynyň özünden eşitmek isläpdir). Garwardly
ykdysadyýetçi Dewid Ueýnsteýn, özi doglan wagty kakasynyň
nirede bolandygyny-da bilýär. Kakasy öz ofisinde bolupdyr. Şol
wagtlar täze doglan çagaňy hatda iki günden soň görmeklik hem
ilkinji tanyşlyk üçin ir hasaplanypdyr“.1
Elbetde, biz bu atalar ýaly bolman bileris, ýöne köpimiz edil
öňkülerimiz ýaly, atalyk borjuna degişli howsalaly pikirleriň köplüginden
ejir çekýäris. Biziň käbirlerimiz iň gowy erkegiň hiç zada mätäç bolmadyk
gyňyr, güýçli ýekebaş bolan „maho“ bolmalydygy baradaky boş pikire
uýýarys. („macho“ (iňlis), „majo“ (ispança) — ýuka ýürekli bolmadyk,
berkligi bilen tapawutlanýan hakyky erkek kişi). Biziň käbirimiz bolsa,
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
102
„erkekler işlemeli, aýallar bolsa çagalar bilen meşgullanmaly“ diýen pikiri
miras alypdyrys. Käbirlerimiz, eger çagalarymyzyň dosty bolsak, onda bu
ejizligiňi gökezmek ýaly bir zat bolar diýip pikir edýäris. Käbirimiz, biziň
ata hökmündäki esasy wezipämiz — bu aýallarymyzyň we çagalarymyzyň
öňünde ygtyýarlylygymyzy we abraýymyzy görkezmekdir öýdýäris. Biziň
käbirimiz gatnaşyklardaky ynamlylyk we ýakynlyk babatda birneme
çekinýärler, hatda olardan gorkýarlaram. Käbirimiz dogrudanam nädip
çagalarymyzyň dosty bolmalydygyny bilmeýäris, sebäbi öz kakalarymyz
bilen hiç haçanam şoňa meňzeş gatnaşyklarda bolmandyk.
Öz kakalarymyz bilen özara gatnaşyklaryň näderejede erbet we daş
bolandygyna garamazdan, biz barybir atanyň nädip çagalarynyň dosty
bolup bilýändiginiň modelini gözlerimiziň öňünde görüp bilýäris. Bu
nusga, elbetde, biziň nugasyny Gökdäki Atamyzda görünýär.
BIZIŇ NÄHILI AJAÝYP DOSTUMYZ BAR
Hudaýyň tebigatynyň we häsiýetiniň özümize belli bolan ähli gowy we
dogry zatlarynyň hemmesi üçin esas bolşy ýaly, Onuň atalygy hem bize
ülňi bolup durýar. Bu ülňüde hem, Ol öz çagalarynyň dosty bolan Ata
ýaly hereket edýär.
Onuň Öz çagalarynyň dosty bolma islegi, Onuň erkekler we aýallar
bilen asyrlar boýy saklap gelýän gatnaşyklarynda aýan edilýär. Ybraýym
(ony „köp milletleriň atasy“ etmek bilen Reb onuň imanyny sylaglaýar2)
Mukaddes Kitapda Hudaýyň dosty hökmünde ýatlanylýar:
ButoprakdaýaşaýanlaryÖzhalkyňyňöňündenkowup,
ÖzbakydostuňYbraýymyňneslineberenSendälmibiziň
Hudaýymyz(Ýyl
Hudaýymyz
(Ýyl ýazgylarynyň 2-nji kitaby 20:7)
20:7)..
SenbolsaYsraýyl,MeniňsaýlangulumÝakup,Meniň
dostumYbraýymyňneslisiň(Işaýa
dostumYbraýymyňneslisiň
(Işaýa 41:8)
41:8)..
Şeýlelikbilen,„YbraýymHudaýaimangetirdi,buoňa
dogrulyksaýyldy“diýenÝazgydaýerineýetip,oňa
Hudaýyňdostydiýildi(Ýakup
Hudaýyňdostydiýildi
(Ýakup 2:23)
2:23)..
Ysraýyl halky Äht sandygyny guran soň, Musa Rebbi şöhratlandyrmak
we Onuň bilen gürleşmek üçin çadyra girende, Rebbiň barlygyna şaýatlyk
edýän bulut sütüni, çadyryň girelgesiniň öňünde peýda boldy. Şol wagtda
Mukaddes Kitapda diýilýär:
Ata — dostdur
103
RebMusabilen,biradamyňözdostybilengürleşişiýaly,
ýüzbeýüzgürleşdi(Çykyş
ýüzbeýüzgürleşdi
(Çykyş 33:11)
33:11)..
Täje we patyşalyga hukugyny ýitirendigini aýdyp, Reb Ysraýylyň ilkinji
patyşasy Saula Şamuwel pygamberiň üsti bilen ýüzlenende, Şamuwel
hem Dawudyň patyşalyk etjekdigini öňünden aýdýar. Dawudyň Reb bilen
dostlugy barada şu ajaýyp sözlerde ýatlanylýar:
Indiseniňpatyşalygyňdurmaz;RebÖzüneýüregine
laýykadamtapar,oňaÖzhalkynyňserdarybolmaklygy
laýykadamtapar,oňa
halkynyňserdarybolmaklygy
buýrar,sebäbisenRebbiňözüňetabşyranzadynyetmediň
(Şamuweliň 1-nji kitaby 13:14)
13:14)..
Şamuweliň — „ýüregine laýyk adam“ diýip — Dawuda degişli edip
aýdan sözi, seýrek bolan umumylygy, dostlugy, ynamlylygy görkezýär.
Ybraýym, Musa we Däwut ýaly, biziň hem öz Atamyza dost diýmäge
gaýratymyz bardyr. Biziň Gökdäki Atamyz Öz çagalarynyň dostudyr. Ol
her bir adam üçin hem elýeterdir. Ol wagtyny biziň bilen geçirmek
isleýär. Ol Özüni biziň öňümizde açýar. Ol bizi tanaýar, biziň hem Özüni
gowurak tanamagymyz üçin elinde baryny edýär. Ol biziň bilen
gatnaşyklardan lezzet alýar. Ol biziň gülkimizden keýp alýar, ýeňişlerimizi
goldap, olara şatlanýar.
Bir zady bellemek wajypdyr, Hudaýa bize ata ýa-da dost bolmagyň
haýsam bolsa birini saýlamak wajyplygy ýokdur. Ol bir şahsyýeti
beýlekisinden artykmaç tutmaýar. Ol biziň Atamyz; bu Onuň tebigatydyr. Ol biziň dostumyzdyr; bu Onuň tebigatynyň şöhlelenmesidir. Öz
çagalaryňyň dosty bolmaklyk — diýmek, umuman atalyk borjuna mahsus bolan häsiýetleriň birini görkezmekdir.
Men, hut şunuň ýaly ata bolmak isleýärin. Men öz çagalarym üçin
hem ata, hem dost bolmak isleýärin. Çagalarym bilen dostlugymyň öz
atalyk borjumyň şöhlelenmesi bolmagyny isleýärin. Men öz atalyk
borçlarymy, öz çagalarymyň dostlugyny gazanmak üçin edilen nädogry
tagallaryň peýdasyna pida etmerin; munuň wajyp däldigini men öz
Atamdan bildim. Ine, näme hakykatdanam wajyp, eger men özümiň
Gökdäki Atamy ýatlamak islesem, Özüniň Mukaddes Ruhy arkaly Oňa
günde bil baglamalydyryn we çagalarym bilen hakyky dostlugy dikeltmäge kömek etjek niýetlerimiň amala aşmagynda, Onuň kömegini
gözlemelidirin.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
104
ÝÖNEKEÝ BOLUŇ!
Aýdaly, siz uly kompaniýanyň başlygynyň gowy dosty. Bu günem anna
güni, siziňem dostuňyz bilen gysgajyk wagtlyk görşesiňiz gelýär, şonuň
üçin hem onuň ofisine gelip, onuň bilen bary-ýogy birnäçe minutlyk
gürleşmäge kätibinden rugsat soraýarsyňyz.
Kätip hem: „Gynanýan, ýöne onuň wagtynyň iş tertibinde indiki ikinji
güne çenli boş ýeri ýok. Siz şoňa çenli garaşmaly bolarsyňyz“ — diýýär.
Siz ötünçli ýylgyryp: „Gulak asyň, men onuň köp wagtyny almaryn.
Gaýrat ediň-de, oňa aýdyň, maňa, hakykatdanam, onuň bilen görüşmek
gerek. Bu bary-ýogy bir minudy alar“ — diýp düşündirýärsiňiz.
Kätip başlygyna jaň edip, siziň onuň ýanyna gelendigiňizi aýdýar.
Kätip siziň adyňyzy aýdýar, ýöne siz öz dostuňyzyň selektorda: „Meniň
ünsümi bölmäň. Duşuşygy indiki ikinji güne belläň“ diýen sesini
eşidýärsiňiz.
Siz şunuň ýaly ýagdaýda näme duýardyňyz? Siz nähili pikir edýärsiňiz,
başlygyň şunuň ýaly hereketi siziň dostlugyňyza täsirini ýetirermidi? Siz
edil öňkiňiz ýaly, ony ýakyn dostuňyz saýarmydyňyz? Sizde bu dostluga
bolan öz garaýşyňyzyň, ol adamyňkydan güýçli tapawutlanýandygyna
şübhe dörärdi.
Biz özleri üçin elýeter bolmadyk wagtymyzda, çagalarymyz hut
şunuň ýaly duýgyny başdan geçirerler. Käwagt meşgullanyp oturan
zadyňyzy birden bes edip bolmaýan ýagdaýlarynyň hem bolýandygyny
men, elbetde, bilýärin. Öz körpejäňiziň jogabyna sorag bermek ýa-da
ýaşajyk sportsmeniňiz bilen top oýnamak üçin hemme zady hemişe
taşlap bilmersiňiz. Ýöne biziň köpimiz, adaty bolşumyza garanda
ýönekeýräk bolmagy başarýarys.
Bir gezek men belli möhlete çenli golýazmamy gutarmagyň zerur
bolan wagty örän kyn ýagdaýa düşdüm. Şonda meniň ýanyma ýedi ýaşly
Şon geldi. Men gürlemäge başlamaga-da goýman, onuň sözüni böldüm.
Men:
„Şon häzir däl, men şu golýazmany gutaraýmaly“ — diýdim.
Lapykeç bolan oglum otagdan çykan badyna, derrew Dotti içerik
girdi — de:
„Ezizim, sen hemişe golýazmany tabşyrmagyň soňky möhletini berk
berjaý edýärsiň, ýöne seniň azajyk wagtyň gerek bolan öz ýedi ýaşly
ogluňa üns bermäge hemişe taýýar däl“ — diýidi.
Ol mamlady, menem muny bilýärdim. Ýekeje pursatam ikirjiňlenmän,
ruçkamy bir gyra goýup, amatly bolan uly kürsini stoldan yza süýşürip,
Şony gözlemäge howlukdym.
Ata — dostdur
105
Bu meniň üçin, öz elýeterliligime degişli bolan sapaklaryň biri
bolupdy. Çagalarym bilen dostlugymyň özümden diňe bir ünsi — olar
bilen kafe gitmekligi, Disneýlende gezelenji we ş. m. däl-de, eýsem,
elýeterliligi, ýagny olar gürleşmek, diňlemek ýa-da meniň ýanymda
sessiz birneme wagtyny geçirmek islänlerinde, seslenmäge taýýar bolmaklygy-da ynan edýändigine düşündim.
AÇYK BOLUŇ
Çagalar ulalýançalar köp kynçylyklar bilen çaknyşýarlar. Eger olaryň
öýkünýän uly adamlary edil hudaýlar ýaly kämil we günäsiz bolsalar,
onda olar özlerini erbediräk saýarlar hem-de kynçylyklaryna özlerinde
hemme zadyň gowy däldiginiň subutnamasy hökmünde serederler.
Şunuň ýaly „hudaýlaryň“ arasyndaky durmuş örän howply bolup biler.
Biziň çagalarymyza, belli bir açyklyga ukyply bolan ulular bilen özara
gatnaşyklar gerek.
Açyklylyk gabat gelýän we gabat gelmeýän bolup biler. Gabat
gelmeýän açyklyk öz içine çagalar üçin zelelli bolan öz-özüňi paş etmäni
alýar. Hemişe öz-özüne käýäp, öz hereketlerine samsyk hereket hökmünde baha berip ýa-da öz şowsuzlyklaryny köp ýatlaýan ata, gabat
gelmeýän açyklylygy görkezýär. Ol özüne baha berşiň pes derejesiniň
nusgasyny görkezýär. Bu hem öz gezeginde çagalarda goragsyzlyk
duýgusyny çuňlaşdyrýar. Çagalar munuň ýaly ata, ukypsyz ata hökmünde gararlar we kyn pursatlarynda oňa ýüzlenjekleri-de gümanadyr.
Gabat gelýän açyklyk çagalara kakasynyň içki dünýäsini görmäge
rugsat berýär. Olar kakasynyň çagalykda we ýaşlykda bolan ýagdaýlary
gürrüň berşini eşidýärler. Olar kakasynyň özüne, batyrlygyna,
durmuşdaky öz roluna düşünýändigini biler. Gabat gelýän açyklyk
çagalara kakasynyň şowsuzlygyň hötdesinden gelşine, üstünlige
göwnüçökgünlige, öwgä we tankyda garaýşyna düşünmäge kömek edýär.
Gabat gelýän açyklyk, şeýle hem, öz içine öz duýgularyňy beýan etme
ukybyny-da alýar. Köp erkek adamlar öz duýgularyny açmagyň deregine,
olary basmagy öwrenýärler; göz ýaşlar munuň ýaly erkek adamlar üçin
gadagan edilen zat bolýar. Ýöne, eger siz öz şatlygyňyz, lapykeçligiňiz,
gorkyňyz, niýetleriňiz barada arkaýyn gürlemäge, aglamaga, we gülmäge
ukyply bolsaňyz, onda olara özüňizi tanamaga kömek edersiňiz, şeýdibem
dostluk üçin gapylary giňden açarsyňyz.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
106
AÇYK SORAGLARY BERIŇ
Çagalaryma gürrüňdeşligi saklamaga, şeýle hem, biri-birimizi gowy
tanamaga kömek edýän (bu bolsa biziň dostlugymyzy şübhesiz berkleşdirýär) soraglary bermegiň üstünde dartgynly işleýärin. Men muny
hemişe — ruluň başynda oturanymda-da, gezelenç edenimde-de, bankda
nobata duranymda-da — edýärin. Meniň berýän soraglarymyň käbirleri
takmynan şeýleräk bolýar: „Eger sen biziň maşgalamyzy üýtgedip bilýän
bolsaň, onda ony nähili edip üýtgederdiň?“ (Jogaby arkayn kabul etmäge
taýýar boluň).
„Eger sen biziň maşgalamyzyň atasy bolan bolsaň, onda nämäni
başgaça ederdiň?“ (Bu soraga jogap alanyňyzda hem berk duruň).
„Sen haçan hemişekilerden gowy göwün açardyň?“
„Sen haçan soňky gezek özüňi göwnüçökgün duýduň?“
„Sen haçan hemmesinden güýçli agladyň?“
„Sen haçan özüňi Hudaýa hemişekileriňden ýakyn duýduň?“
„Eger seniň million dollaryň bar bolsa, näme ederdiň?“
„Eger sende dünýäniň islendik ýerine gitme mümkinçiligi bolan bolsa,
onda nirä giderdiň?
Bir gezek haýwanat bagyna aýlananymyzdan soň, öýe uzak wagtyň
dowamynda baryp ýetmeli bolduk. Haýwanat bagyndan çykyp ugran
badymyza men: „Oglanlar, geliň birneme oýnalyň. Siz nähili pikir
edýärsiňiz, şu günki gören jandarlaryňyzyň haýsysy size has meňzeşräk
— we näme üçin?“ — diýip soradym. Geçen ýüz kilometrimiziň
dowamynda Dotti ikimiz çagalarymyzyň özleri hakynda näme pikir
edýändigi barada köp zatlary bildik. Kiçijik Keýti — ol şol wagtlar üç
ýarym ýaşyndady — göwnüne özüniň aýyjyga meňzeşdigini aýtdy.
„Näme üçin?“ — diýip, men soradym.
„Sebäbi men özümi gujaklasalar gowy görýärin“ — diýen jogaby
eşitdik.
Keýti yzky oturgyçda otyrdy. Menem maşyny gyrada sakladym-da,
maşyndan çykdym. Gyzymyň oturan tarapyna geçmek üçin maşynyň
daşyndan aýlandym. Ýolumyzy dowam etdirmezden öň onuň ýanyna
bardym-da, berk gujakladym.
IKI TARAPLAÝYN GYZYKLANMALARY ÖSDÜRIŇ
„Wagtyny gowy geçirmek üçin meniň bilen bile gitmegi men öz çagama
teklip etdim, ýöne ol hiç hili lezzet almady. Bu pikir durşuna şowsuz
bolup çykdy“ — diýip, bir gezek bir ata maňa gürrüň berdi.
Ata — dostdur
107
„Siz bilelikde näme bilen meşgullandyňyz?“ — diýip, men ondan
soradym.
„Men golf oýnamagy gowy görýärin. Menem ony golf oýnalýan
meýdança alyp gitdim. — Soň ol ýüzüni çytdy: — Görüp otursak ol
golfy ýigrenýän eken. Gürrüňiň şunda bolaýmagam ahmal“ — diýip, ata
düşündirdi.
Bu ata ogly bilen wagtyny geçirmek isläpdir, ýöne özüne amatly
bolar ýaly, özşerti boýunça geçiripdir. Eger ol ogly bilen iki taraplaýyn
gyzyklanmany ösdürmäge synanyşan bolsa, onda has ulurak üstünlik
gazanardy.
Ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň toplumy dostlugy berkidýär. Öz
dostlaryňyzyň toparyna göz aýlaň. Olaryň arasynda siziň üçin „bile golf
oýnaýan ýoldaşyň“ ýa-da „balyk tutýan ýere gitmek üçin ýoldaşyň“
bolaýmagy mümkin. Siziň „institutda bile okan dostlaryňyz“, „ýygnanyşykdaky doganlaryňyz“, „bile gulluk eden dostlaryňyz“ bar. Siz dost–
laryňyz bilen auksionlara ýa-da köne maşynlaryň sergisine barýarsyňyz.
Siziň öz dostlaryňyz bilen şeýle gatnaşykda bolmagyňyzyň sebäbi, siz
olar bilen ýygnanyşyga ýa-da sport ýaryşlaryna, ýa-da başga bir ýere bile
gidýärsiňiz, sebäbi ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bolmagy dostlugyň
döremegine ýardam edýär.
Akylly ata öz çagalary bilen ikitaraplaýyn gyzyklanmalara olar entek
kiçijikkä başlaýar. Mekdebe barmadyk çagasyna gaty ses bilen kitap
okap berýän ata, geljekde kitaplar we pikirler barada pikir alyşma
gatnaşyklaryna esas goýýar. Çagalaryň ýanyma gelip: „Kaka, sen şu
kitaby okaýmaly. Ol saňa ýarar“ — diýmegi, meni enteklerem guwandyrýar.
Çagalaryňyz bilen ikitaraplaýyn gyzyklanmalary ösdürmek hiç
haçanam giç bolmaz. Meniň oglum Şon on ýaşyndaka sport awtomobilleri bilen güýçli gyzyklandy (men onda-da „Mazeratti“ „Lamborjini“
ýa-da „Ferrari Testoroza“ ýaly gymmat bahaly kysymlaryny göz öňünde
tutýaryn). Şonuň şol awtomobilleriň suratlaryny žurnallardan we
reklama kitaplaryndan tapyşyny hem gyrkyp alşyny synlanymda, onuň
gyzyklanmasynyň tiz geçip gidýän gyzyklanma degişli däldigini
görenimde mende bir pikir döredi.
Men „Sary sahypalar“ diýen telefon kitapçasyny alyp, Bewerli Hillizdäki sport awtomobillerini satýan dilerleriň birnäçesiniň salgysyny saýladym. Soň men olaryň hemmesine hat goýberdim. Hatda şeýle diýilýärdi:
„Men çykgynsyz ýagdaýa düşürilen ata. Men oglum bilen wagtymy
geçirmek üçin hemme zady ederdim, emma ol häzir sport awtomobillerine
özüni aldyrypdyr. Eger ony mekdepden soň Siziň görkeziliş geçirilýän
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
108
zalyňyza alyp barsam, oňa birneme sport awtomobilini sürdürip
görkezmäge sizde mümkinçilik barmy?“
Men awtomobili satyn almajakdygymy dillerleriň hemmesine açyk
aýtdym, ýöne şeýle-de bolsa, meni geň galdyran ýerli dillerleriň hiç haýsyda maňa „ýok“ diýip jogap bermedi. Soň men jaň etdim-de, barmaly
wagtymyzy belleşdim. Şeýdip, sport awtomobilleriniň görkezilişi
geçirilýän zallaryna baryp görmek üçin 250 kilometr geçip, Bewerli Hillze
gitdik. Bu nähili gün boldy! Şon awtomobillere satyjy bilen mündi-de,
ýadyňa düşjek kysymlaryň hemmesinde diýen ýaly „synag geçirdi“. Her
gezek nobatdaky awtomobilde görkeziliş geçirilýän zalyň deňinden
geçende, begençden doly Şon aýnadan maňa elini salgady.
Agşamlyk yza gaýdyşyn, mende oglum bilen baýlyk, gymmatlyklara
eýe bolmak barada gürrüň etmäge örän gowy mümkinçilik boldy, ýöne
mundanam wajybrak zat, geçen gün bizi has-da ýakynlaşdyrdy we biziň
dostlugymyzyň üstüne çuňluk we ysnyşyklyk goşdy.
GOŞMAÇA TAGALLALARY EDIŇ
Bir gezek biziň öýümize men barada žurnala makala ýazmak üçin bir
žurnalist aýal geldi. Onuň mesihi neşiri üçin ýazjak bolýandygyna
garamazdan, žurnal gowy satylar ýaly, menden erbet bir zat tapjak
bolýandygy görnüp durdy. Ol bizi synlap duran şol, wagtlar sekiz
ýaşyndaky Şona tarap öwrüldi-de: „Kakaňda saňa ýaramaýan nämedir
bir zat barmy?“ — diýip, oglanjykdan sorady.
„Hiç zadam ýok“ — diýip, Şon jogap berdi.
Ol ony öjükdirmäge synanyşdy, ýöne netijesiz boldy. Ol ýylgyrdy-da:
„Bardyr-a kakaňda saňa ýaramaýan hiç bolmanda ýekeje — ýeke-täkje
bir zat!“
Şon ahyrsoňunda: „Ol bir ýere gidende“ — diýip jogap berdi.
Žurnalist aýalyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Onuň ýüzüniň keşbi, bolsa-da öz
makalasy üçin belli bir „özüne çekiji“ zat tapandygyny görkezýärdi.
Sorag — jogap gutarandan soň myhmanym ugrajak bolanda, men
oňa žurnalistlik obýektiwliliginiň özünden Şondan kakasynda özüne has
gowy ýaraýan nämäniň bardygyny soramaklygy ynan edýändigini
aýtdym.
Birneme oýlanyp durandan soň ol şeýle-de etdi. Şon derrew: „Ol
meniň bilen köp wagtyny geçirýär“ — diýip jogap berdi.
Žurnalist aýal jogaplaryň göze görnüp duran dürlüligi üçin aladalanýan
ýaly bolup göründi. Öz oglumyň jogabynyň çagalarymdan hemişe almak
isleýän jogabymdygyny men žurnalist aýala düşündirdim. 1) Kakalary
Ata — dostdur
109
özlerinden daşda bolsa olara hiç haçan ýaramajagyny, 2) kakalary
ýanlarynda bolsa, özlerini nähili duýjakdyklaryny aýtdym.
Gulluk borçlary öýden köp gitmekligi ynan edýän beýleki köp atalar
ýaly men hem saparlarymyň doly iş tertibini maşgala borçlaryny ýerine
ýetirmeklik bilen bile utgaşdyrmaklyga synanyşanymda kynçylyklara
köp duş geldim. Üstünlige ýetmek, maňa hemişe başardyp durmady,
ýöne men çagalarym bilen dostlugymy ösdürmek üçin, goşmaça
tagallalary etdim. Mümkinçilik bolan wagty çagalaryň birini ýanym bilen
äkidýärin hem-de işimi çagany ýeterli wagt bilen üpjün eder ýaly edip
meýilleşdirýärin. Her gün öýe jaň edip, olaryň hemmesi bilen gürleşmäge
çalyşýaryn. (Bir gezek Russiýa gidenligim sebäpli düzüminde Şonuň
oýnan basketbol ýaryşyna-da baryp bilmedim. Men şonda onuň bilen
arakesme wagty öýjükli telefonda gürleşmek isledim. Aýalym ýaryşa
telefony ýany bilen alyp barypdy. Bu, elbetde, onuň ýanynda bolanymdaky
ýaly bolmady, gaýtam oglumy küýsemäge meni has-da mejbur etdi.
Ýöne özüne we komandadaky ýoldaşlaryna onuň özüm üçin näderejede
wajypdygyny görkezdi. Sapara gidip gelenimden soň çagalarymyň her
birine goşmaça wagt bölüp goýýaryn (ertirlik edinmäge kafe alyp
gidýärin, mekdepden soň garşy alýaryn we ş. m.) hem-de geçiren her bir
pursatymyzy mümkin boldugyça ýerlikli ulanmaga çalyşýaryn.
OLARYŇ DOSTLARY BILEN TANYŞYŇ
Çagalarymyzyň hem atasy hem dosty bolmaklygyň ýene-de bir usuly
— bu olaryň dostlary bilen tanyşmaklykdyr. Biz Dotti ikimiz öýümizde
çagalarymyzy dostlary bilen kabul etmegi diýseň gowy görýäris (Dotti
ilkinji „Tiz Kömek Ejesi“ bolupdy). Çagalarymyzyň dostlaryny dürli
gezelençlerimize we maşgala çärelerine hemişe gatnaşdyrmaga çalyşýarys. Menem sürüjiniň roluny ýerine ýetirmäge köp razylyk berýärin,
sebäbi aýna seredip, yzky görnüşe ünsli garasaň, köp zady bilmek bolýar.
Mysal üçin, men bir gezek Kellini joralary bilen „Leýkersiň“ oýnuna
äkitdim. (Lakers — ABŞ daky meşhur basketbol komandasy). Şonda
mekirlik edip, ýoldan gözümi aýyrman, ýetginjek gyzlary we olaryň
özara gatnaşyklaryny synladym. Men Kellä we onuň joralaryna näme
barada gürrüň edýändigine, olary nämäniň gyzyklandyrýandygyna,
Kelliniň olara goşuluşyna üns berip, aýnadan yzky tarapa seretdim. Men
şu zatlary bilmek isleýärdim: Oltekepbirlikedýärmi?Oljoralarynyň
arasynda çekinjeňmi? Ol gürrüňe hemmeleri goşmaga çalyşýarmy?
Ol paýhaslylyk görkezýärmi? Basketbol duşuşygy wagtynda Kelliniň
joralary bilen nähili gatnaşykda bolýandygyny takyk synlamaga
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
110
mümkinçilik boldy. Gaýdyşyn doňdurma satyn almak üçin kafede
saklanmagymyz, mende galan täsirleriň üstüni köp zatlar bilen ýetirdi.
Nähili bolanda-da, hemmelere birnäçe sagat şatlygy sowgat eden we
gyzynyň dosty bolmak isleýän ata üçin öwreniş agşamy boldy.
DESSURLARY GURAMAK
Biziň çagalarymyz kiçiräkkäler şeýle dessur bardy. Muny biziň dostlarymyz we myhmanlarymyz birgeňsiräk görerdiler. Öýde nähili myhmanyň
bardygyna we näme bolup durandygyna seretmezden, men ötünç sorap,
çagalarymy ýatmaga alyp gidýärdim.
Eger biz kimdir birini çagyrsak, oňa: „Joş 6.30-dan ýa-da 7-den
başlap işli bolýar“ — diýip öňünden duýdurýardyk. Biz şeýle hem ähli
tanyşlarymyza: „6.30 bilen 9-yň aralygynda Joşa jaň etmäň, sebäbi ol
çagalaryň ýanynda bolýar“ — diýip duýdurdyk.
Bu iki ýarym sagat maňa we çagalaryma degişlidi. Käwagt biz
gezelenç etmäge gidýärdik. Käwagt poluň üstünde oýnaýardyk we
göreşýärdik. Käwagt hem bileje kitap okaýardyk.
Söýgüli güýmenjelerimiziň biri hem, dostlarymyzyň sowgat eden,
biziň ýatýan otagymyzda gurlan jakuziniň üstüne münüp oýnamakdy.
Käwagt biz ýöne bir gürrüň edip oturardyk. Käte jakuziniň içinde dynç
alyp, telegepleşiklere seredýärdik. Bir gün agşam, ýöne bir oýnamak
üçin, ullakan plastmassa legenini patrakdan doldurdyk-da ony suwa
ýüzmäge goýberdik. Ol töwerek berip aýlandy durdy. Şonda her kim
elini uzadyp, isledigiçe özüne patrak alyp bilýär. Çagalar bu barada
birnäçe hepdeläp gürrüň etdiler. Men „jakuzidäki patrak“ barada hatda
mugallymlardanam, beýleki ene-atalardanam eşitdim. Munuň ýaly
dessurlar, kök urup ösmekde çagalaryňyz üçin günüň şöhlesi we suw
ýaly bolup biler. Meniň bir tanyşlarym bütin maşgalasy bilen öýlerine
ýakyn ýerdäki söwda toplumyna baryp, assortiniň „ýuwaş-ýuwaş agşamlygyny“ guraýarlar. Olar şol toplumdaky her bir restorana ýa-da kafe
barýarlar-da, arzan bahaly naharlardan birini buýurýarlar, soň bolsa ony
dördüsine paýlap iýýärler.
Haýsy dessurlary gurasaňyzam, olary hökmany suratda hemmäňize
şatlyk getirer ýaly, şeýle hem biri-biriňiz bilen gürrüňdeşlige we pikir
alyşmaga çäksiz mümkinçilik bolar ýaly edip guraň (mysal üçin bile kino
seretmeklik gowy däl dessurlara degişlidir, sebäbi bu ýagdaýda
ikitaraplaýyn gatnaşyk az bolýar. Mini-golf oýnamak bolsa, bir-iki
sagatlyk gürrüňdeşligi berip biler).
Öz çagalary üçin elýeter bolan, olary pikirlenmäge mejbur edýän
Ata — dostdur
111
soraglary berip, olar bilen açyk bolýan, çagalarynyň dostlary bilen höwes
bilen tanyşyp we maşgala dessurlaryny gurap, olar bilen ikitaraplaýyn
gyzyklanmany ösdürýän ata, biziň Atamyz ýaly...ata we dost bolmakda
uzak ýol garaşýar.
Munuň ýaly ata çagalaryna diňe bir dostlugy görkezmän, eýsem,
olara özara gatnaşyklary nähili gurmalydygyny öwredýär hem-de hakyky
dostlugyň nähili bolmalydygny görkezýär. Ol howply we zyýanly
dostlugyň öňünde „gorag diwaryny“ gurýar. Ol çagalaryny, ýigitlik
çagynda bolşy ýaly, ulalanda-da deň-duşlary bilen etjek durmuşy
gatnaşyklaryna taýýarlaýar. Ol köp üýtgeşmeleriň we synaglaryň
arasynda-da, üýtgewsiz bolup galjak dostlugy görkezýär. Bu zatlar bilen
bilelikde, ol çagalaryna biziň Gökdäki Atamyz, Hudaý bilen dostlukly
gatnaşyklary gurmaga ajaýyp mümkinçilik berýär.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
Aşakda berlen ýagdaýlary okap görüň. Özüňize „Bu maňa tanyş
ýagdaýmy?“ diýip sorag beriň. Jogaplaryňyzy çagalaryňyz bilen özara
gatnaşyklaryňyza baha bermek üçin ulanyň.
Hawa Ýok




















1. Agşamlyk naharyndan soň siz derrew çykýarsyňyz-da
telewizor görmek ýa-da gazet okamak üçin gidýärsiňiz.
2. Siz çagalaryňyza öz çagalygyňyzda bolan wakalary,
hemişe gürrüň berýärsiňiz, şonda ýüze çykan
kynçylyklary paýlaşýarsyňyz, soň olaryň hötdesinden
nädip gelendigiňizi gürrüň berýärsiňiz.
3. Siz çagalaryňyzyň öňünde hiç haçanam aglamadyňyz.
4. Çagalaryňyzyň öý işlerine kömekleşmek üçin siz edip
oturan işiňizi hemişe goýýarsyňyz.
5. Agşamlyk naharynyň başynda çagalaryňyzyň biri okuw
otagynda bolan bir wakany gürrüň berýär, siz hem
gürrüňi başga tarapa sowýarsyňyz.
6. Siz wagtyňyzy çagalaryňyz bilen geçirmäge
çalyşýarsyňyz.
7. Siz çagalaryňyz bilen bolan umumy gyzyklanmalaryň
ýekejesini-de aýdyp bilmeýärsiňiz.
8. Sizde çagalaryňyz bilen paýlaşar ýaly hiç bolmanda
ýekeje güýmenjäňiz bardyr.
9. Çagalaryňyz siziň ýaňy-ýakyndaky aladaňyz,
şowsuzlygyňyz ýa-da lapykeçligiňiz barada hiç zat
bilmeýär
10. Siz çagalaryňyzyň üç sany iň gowy dostlarynyň adyny
aýdyp bilýärsiňiz.
Täk belgilerdäki „hawa“ diýen jogaplar, siziň gowulaşma gazanmaly
ulgamlaryňyzy görkezýär. Jüp belgilerdäki „hawa“ diýen jogaplar, siziň
üstünlige ýeten ugurlaryňyzy görkezýär.
TERTIP-DÜZGÜN YNAN
EDÝÄN ATA
10
Bir gün irden men aşhana girenimde, oglum Şonuň hapany çykarmagy
unudandygyny gördüm. Bu bolsa, onuň öýdäki borjudy, onda-da ol ony
her gün mekdebe gitmeziniň öň ýanynda etmelidi. Şon bolsa eýýäm
mekdebe giden eken.
„Şon hapany çykarar ýaly, onuň yzyndan gidip, öýe getirmeli“ —
diýip, men Dottä aýdym.
„Joş, sen gidip bilmeýärsiň. Birnäçe minutdan soň sapaklar başlanýar.
Giç galsa ony jezalandyrarlar“ — diýip, Dotti jogap berdi.
„Ezizim, men muny edäýmeli“ — diýip, men tutanýerlilik bilen aýdanymy gaýtaladym durdum. Soň hem maşyna münüp, mekdebe ugradym.
Mekdebe baryp, birinji jaň kakylýança mekdebiň howlusynda dostlary
bilen basketbol oýnap ýören Şony tapdym.
Şonuň ýanyna baryp: „Oglum, men seniň häzir welosipediňe münüp,
hapany dökmek üçin öýe gitmegiňi isleýärin“ — diýdim.
„Kaka, häzir bäş minutdan jaň kakylýar ahyryn. Bu işi mekdepden
soň etse bolanokmy?“ — diýip, Şon garşy çykdy.
„Ýok oglum, seniň bu işi mekdebe gitmänkäň etmelidigiň öňünden
bellenilipdi, şonuň üçin muny seniň häziriň özünde etmegiňi isleýärin.
Gaýrat et“.
„Kaka, sen muny meniň ýerime edip bilmezmiň — hiç bolmanda
ýekeje gezek?“.
„Ýok, oglum, bu seniň borjuň“.
Şon topy dostlaryna zyňdy-da, egnini gysyp, welosipedine tarap eňdi.
Onuň yzyndan garap durşuma men: „BuMakdauellnahiliata?Eger
senogluňýerineýekejegezekhapanyçykarsaňgorkarýalyhiçzadam
bolmazdy,şeýledälmi?“ diýen ýaly ýuwaş sesi eşiden dek boldum.
Şon özüniň ýönekeý borjuny ýerine ýetirmek üçin öýe baryp gelende,
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
114
jaň bireýýäm kakylypdy. Şon sapaga otuz minut gijä galdy. Şon okuw
otagyna giren badyna mugallym ony müdiriň orunbasarynyň ýanyna goýberdi. Oglan orunbasara gijä galanynyň sebäbini we meniň aýdanlarymy
düşündirmeli boldy. Orunbasar Şona sapaga girmäge rugsatnama ýazyp
berip, okuw otagyna goýberýär. Soň hem maňa jaň etdi.
„Men Şonuň häzirjek gürrüň beren zadyna ynanyp bilemok, men oňa
sapaga barmaga rugsatnama ýazyp berdim, sebäbi kakasynyň öz oglunda
jogapkärçiligi terbiýeleýşi maňa adaty bolmadyk täsirini ýetirdi. Eger
ene-atalaryň köpüsi öz çagalaryna jogapkärçilik çekmegi öwretseler,
biziň işimiz köp derejede ýeňilleşerdi“ — diýip orunbasar aýtdy. Telefon
trubkasyny ýerinde goýanymdan soň men uly ýeňillik duýdum. Bir
haltajyk hapa sebäpli Şona öz diýenimi etdirenim üçin men özümi adam
iýiji saýyp otyrdym, emma orunbasaryň sözleri meni özümiň paýhasly
hereket edendigime ynandyrdy.
Biziň hiç haýsymyzam adam iýiji bolmak islemeýäris. Hiç kimem
artykmaç pugta tutýan bolmak islemeýär. Men Şona özdiýenli daramak
islemedim. Ýöne men tertip — düzgüni berjäý etmek isledim. Men oňa
öz tertip-düzgünliligini ösdürmäge kömek etdim. Men oňa dogry ugur
bermek isledim. Men öz Atamyz ýaly ata bolmak isledim.
ATANYŇ TERTIP-DÜZGÜNI
Reb mähribandyr. Ol söýýän Atadyr. Ol kämil Atadyr. Onuň niýeti hiç
haçanam gazaply ýa-da söýgüsiz bolmaýar. Şeýle-de bolsa, Ol Öz
çagalaryny tertip — düzgüne çagyrýar. Ol Özüniň mähribanlygyna
seretmezden tertip — düzgüne çagyrýar. Ol mähribandygy üçin tertip
— düzgüne çagyrýar. Ol söýýändigine garamazdan tertip — düzgüne
çagyrýar, sebäbi bizi söýýär. Onuň bizi tertip-düzgüne çagyrýanynyň
sebäbi, Onuň kämil dälligi üçin däl-de, biziň kämil däldigimiz üçindir.
Gökdäki Atamyzyň bizden tertip — düzgüni ynan edýändigi
Ýazgylarda birnäçe gezek aýdylýar:
HudaýyňRebbiňsaňa,biradamyňözoglunaöwredişiýaly,
öwredýändiginiözýüregiňdebilgin(Kanun
öwredýändiginiözýüregiňdebilgin
(Kanun taglymaty 8:5)
8:5)..
Çünkiatahalaýanoglunynähiliterbiýeleýänbolsa,Rebhem
söýýäninişeýleterbiýeleýändir(Süleýmanyň
söýýäninişeýleterbiýeleýändir
(Süleýmanyň tymsallary 3:12).
3:12).
Öz ogluna ýa-da gyzyna akylly duýduryş we ýerlikli jeza berýän adam,
Rebbiň tebigatyny şöhlelendirýändir. Hut şunuň üçin hem Hudaýyň Sözi
Tertip-düzgün ynan edýän ata
115
öz çagalaryny jezalandyrýan atalaryň akyldarlygyny aýdýar (Süleýmanyň
tymsallary 23:13; 29:17).
Ýewreýlere hatyň awtory jezalandyrma garaýşyny diýseň takyk
görkezipdir:
Ogullara:„Oglum,Rebbiňterbiýeedişiniäsgermezlik
etme,Olsaňakäýänderuhdandüşme!“diýipaýdylyşy
ýaly,özüňizeberlenbuöwüdideunutdyňyz.Çünki
Rebsöýýäniniterbiýeleýändir,ogullygakabuledenini
çalýandyr“.Terbiýelenmekugrundakynçylyklara
çydaýarsyňyz.HudaýsiziÖzoglykimintutýar.Çünki
haýsyoglaatasyterbiýebermeýär?Egerherkesiňalýan
terbiýesisizdeýokbolsa,ondasizoguldäl,nikasyz
doglanoglanlarsyňyz.Mundanbaşgadabiziterbiýeeden
dünýewiatalarymyzbardy,bizolarysyladyk.Şeýlebolsa,
ondaruhlarAtasynaköpräktabynbolupýaşamalydälmi?
Atalarymyzbiziözoňlaýyşlarynagörä,azsalymlyk
terbiýeederdiler;ýöneHudaýÖzmukaddesligineşärik
bolmagymyzüçin,biziňhaýrymyzaterbiýeedýär.Herhili
terbiýeedilmeköňürtişatlyklyzatdälde,gaýgylyzat
bolupgörünýändir.Ýönebusoňraşeýleýetişdirilenlerüçin
dogrulygyňdynçlykmiwesiniöndürýändir(Ýewreýler
dogrulygyňdynçlykmiwesiniöndürýändir
(Ýewreýler 12:511)..
11)
Hudaýyň jezasynyň netijesi hormat, parahatlyk we dogrulyk miwesi
bolýandyr!
Ine, men öz çagalaryma nämäni isleýärin! Men Hudaýyň kömegi
bilen öz Atamyň tebigatyny we häsiýetini şöhlelendirip we tertip —
düzgün ulanýan ata bolup, çagalarymda hut şu häsiýetleri terbiýelemäge
umyt edýärin we şeýle etmegi Ondan dilerýärin.
Men öz çagalarymy gahar ýa-da tekepbirlik bilen terbiýelemek
islemeýärin; men olary Rebbiň özümi söýgüde terbiýeleýşi ýaly terbiýelemek isleýärin (Ýewreýler 12:6). Men çagalarymy özümiňdurmuşymyň
ýeňil bolmagy üçin jezalandyrmak islemeýärin; men olary, Rebbiň özümi
terbiýeleýşi ýaly, özleriniňbähbidiüçin terbiýelemek isleýärin (Ýewreýler
12:10). Men çagalarymy diňe öz „Men“-imi görkezmek ýa-da öz
mätäçliklerimi kanagatlandyrmak üçin jezalandyrmak islemeýärin; men
olary Rebbiň özümi terbiýeleýşi ýaly, dogrulyk miwesini almak we olarda
parahatlyk bolar ýaly edip terbiýelemek isleýärin (Ýewreýler 12:11).
Men öz Atam ýaly bolmak isleýärin.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
116
ENE-ATALARYŇ ÖZÜNI ALYP BARŞYNYŇ DÖRT USULY
Çagalara gatnaşygy babatda özlerini alyp barşynyň umumy esaslaryny
görkezýän ene-atalary aýratyn dört toparlara bölmek bolar:
Awtokratik — „Sen edil meniň aýdyşym ýaly edersiň, bolmasa...“

Hemme zady bagyşlaýan — „Sen islän zadyňy edip bilersiň“.

Äsgermezçilikli — „Seniň näme edýändigiňiň Aslyýetinde maňa

tapawudy ýok“.
Gyzyklanýan — „Men diňleýärin...Men seniň aladaňy edýärin...Men...

düşünmek isleýärin. Bu gezek biz ine şeýle ederis, sebäbi...“.
Her bir topar ene-atalyk ygtyýaryny ulanmagyň belli bir garaýşyny
aňladýar. Awtokratik ata „durşuna monarh“ bolan atany görkezýär.
Muňa iňlis diliniň düşündiriş sözlüginiň awtory Webster kesgitlemäniň
üç derejesini berýär. Birinjiden, bu „ygtyýarlylygy doly saklaýan we berjaý
edýän“ diktator. Awtokrat birneme pesiräk gazaplylyk derejesinde — bu
„başgalaryň üstünden doly garaşsyz ygtyýary bar bolan ýa-da şol ygtyýary
ýerlikli ulanýan“ adamdyr. Iň ýeňil ýagdaýda awtokrat „agalyk edýän,
özerkli“ adamy aňladýar.
Awtokrat ene-atalar çagalarynyň üstünden doly hökümini ýöredende, olar
köp çäklendirilmeler goýýarlar, ýöne az söýgi görkezýärler. Köp awtokratlar
öz çagalaryny „gowy öý“ bilen üpjün edýärler. Olar çagalaryny bakýarlar we
geýindirýärler, şeýdibem, kadaly durmuş üçin wajyp bolan, ýeterli derejedäki
goldaw we söýgüden başga, hemme zat bilen üpjün edendiris öýdýärler.
Awtokratiýadaky durmuş çagalarda iki dürli hereketi: göreşi ýa-da gaçyşy
ýüze çykarýar. Çagalar gaçyşy saýlap alanlarynda, olar adatça ile goşulmazak
bolýarlar we ýagdaýa kaýyl bolýarlar hem-de hiç bolmanda daşyndan „diýen
ediji“ bolýarlar. Emma içinden gaýnap durýarlar. Eger çagalar göreşi
saýlasalar, onda olaryň gahary daşyna çykar durar. Olar arz edýärler,
jabjynýarlar, hatda sözleri we hereketleri bilen gaharyny ýüze çykarýarlar,
sebäbi çagalary bilen hakyky özara gatnaşyklarda berkidilmedik düzgünleri
ýola goýmadyk ata gozgalaňçylyk tohumyny ekýär. Ene-atalar bilen
ýetginjekleriň özara gatnaşygyna bagyşlanan bir barlag, awtokratik eneatalar tarapyndan terbiýelenýän çagalaryň (ogurlyk, ýalan, uruş, wagşylyk
ýaly hereketler bilen baglanyşykly bolan) ene-atasyna duşmanlykly
gatnaşygy, ululary ýazgarmany, jemgyýete garşy hereketleri, durmuş taýdan
ýat bolma duýgusyny, ahlagyň adaty ülňilerine garşylygy we beýleki adamlar
bilen kadaly gatnaşyga ukypsyzlygy görkezýändigini açyp görkezdi.
Başga bir soňky dereje, hemme zada rugsat bermeklikdir. Käbir
Tertip-düzgün ynan edýän ata
117
atalar goldaw bermekde güýçli bolsa-da, tertip-düzgün meselesinde
gowşak bolýarlar. Hemme zat bagyşlanylýan atmosferada ulalýan çagalar, köplenç ene-atalaryny girewine alýarlar. Kiçi ýaşdaky çagalar
gündizki ukudan we iýmeli wagtynda iýmekden boýun towlaýarlar. Olar
bir zadyň öz isleýişleri ýaly bolmadyk ýagdaýynda gaharynyň gelenini
bildirýärler ýa-da gaty ses edip aglaýarlar. Birneme ulurak çagalar eneatasy bilen edepsiz gürleşýärler, gündiz ýa-da gije kellesine gelen wagty
gelýärler we gidýärler. Olar özleri islän wagty ene-atasynyň hemme zady
etmegine garaşýarlar. Hemme zady rugsat berýän ene-atanyň ýanynda
ulalýan çaga köplenç öz islegine görä hereket edýär, ýöne olar hem
awtokratik maşgaladaky çagalardan bagtly däldirler, sebäbi iki ýagdaýdada söýgi bilen çäklendirilmäniň deňagramlylygy ýerine ýetirilmeýär.
Munuň ýaly çagalar öz ene-atalarynyň ahlak ülňilerine laýyklykda
ýaşamak islemeýärler-de köp ýagdaýlarda neşe ýä-da alkogol ulanmaga
başlaýarlar. Şeýle hem, olar, özüni bagyşlama, jynsy gatnaşyk
ahlaksyzlygyna we patologiýa meýillilik görkezýärler.
Soýgi bilen çäklendirilmeleriň wajyp bolan deňagramlylygyny gurmak üçin atalara, içinde söýgi bilen çäklerdirme düzgünleriniň çagalara
açyk geçirilmesi bolan, gyzyklanma usuly zerurdyr. Çagalar özlerini
söýýändiklerini duýarlar, bu bolsa, olaryň gymmatlylyk duýgusynyň
üstüni doldurýar, ýöne olar şonda-da, özleriniň goraglylyk duýgusyny
saklaýan çäklendirilmeleriň bardygyna-da düşünerler. Çagalar ýola
goýlan düzgünlere boýun bolarlar, ýöne diňe bar bolan özara gatnaşyklaryň
çäklerinde boýun bolarlar.
Ýene-de gaýtalaýaryn, bu özümize Gökdäki Atamyzyň görkezýän
nusgasy bolup durýar. Ol Öz çagalary üçin düzgünleri ýola goýýar;
galyberse-de, Ol bize On Tabşyryk berdi, şeýle dälmi? Ol bu On
Tabşyrygy, nesilleriň dowamynda Öz halky bilen gatnaşyklary gurandan
soň berdi. Ol hemme zadyň başyny bary-ýogy — „siz ýagşylygy we
ýamanlygy bilme agajynyň miwesinden iýmeli dälsiňiz“ — diýen ýekeje
tabşyryk bilen başlady.1 Soň bolsa, Sinaý dagyndaky Kanunyny yglan
etmezinden öň Özüni açmak we Öz çagalary bilen özara gatnaşyklary
ösdürmek üçin köp ýyllary geçirdi.
Men hut şunuň ýaly ata bolmak isleýärin. Emma muňa ýetip
bilmejegimi biýärin. Men bilýärin; eýýäm köp gezek synanyşyp gördüm
we şowsuzlyga uçradym. Şeýle hem muny meniň iň gowy Atamyň edip
biljeginini bilýärin. Ol muny asyrlaryň dowamynda etdi. Eger Mukaddes
Ruh arkaly Oňa bil baglasam we aşakdaky ýaly birnäçe peýdaly
usullaryny ulansam. Ol muny mende-de, özüm arkaly eder.
.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
118
SIZIŇ ATA HÖKMÜNDE ÖZÜŇIZI ALYP BARYŞ USULYŇYZ.
Awtokratik: güýçli gözegçilik, emma az goldaw.
Söýgi
Çäklendirme
Hemme zady bagyşlaýan: güýçli goldaw, emma az gözegçilik.
Çäklendirme
Söýgi
Parhsyz: güýçli gözegçilik ýa-da onuň asla bolmazlygy, az goldaw
ýa-da onuň hiç bolmazlygy. Çaga özüni ýok ýaly duýýar.
Söýgi
Çäklendirme
Gyzyklanýan (abraýly):
gözegçilik bilen goldawyň kadaly sazlaşygy.
Söýgi
Çäklendirme
Tertip-düzgün ynan edýän ata
119
ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ ÇÄKLERINDÄKI TERTIP-DÜZGÜN
Tertip-düzgün, söýgi bilen saklanýan gatnaşyklaryň çäklerinde netijeli
bolup biler. Mysal üçin, maňa çagalaryma duýduryş bermek gerek bolsa,
men özümiziň gatnaşyklarymyza degişli soragy bermekden başlaýaryn.
Eger bu soraga berlen jogap oňat bolsa, onda hereketime çagalarymyň
dogry düşünendigine ynamly bolup bilerin. Men: „Meniň seni
söýýändigimi bilýärmiň?“ — diýip soraýaryn. Jeza teklip etmezden öň
bu soragy bermek bilen öz hereketlerimiň özara gatnaşyklarymyza dälde, meniň mertebäme esaslanýandygyna düşündirmäge çalyşýaryn.
Bir gezek men Filippinde takmynan alty ýüz ruhy çopanyň we mesihi
işçileriniň öňünde çykyş etdim. Çykyşym gutarandan soň iki ýüz töweregi
adam meniň bilen gürleşmek üçin nobata durdy. Şol agşam meniň duş
gelmeli bolan iň esasy kynçylyklarymyň biri-de, bir atanyň, ruhy çopanyň
taryhy boldy. Ol maňa maşgalasynyň özüne garşy aýaga galandygyny
gürrüň berdi. Onuň on ýedi, on üç we on ýaşyndaky üç çagasy
„ýygnakdaky iň erbet çagalar“ hasaplanypdyr. Olar hemişe bir ýol bilen
goh turuzýan ekenler. Ol özüniň näme etmelidigini bilmek isleýän eken.
Men oňa: „düzgünleri ýatdan çykaryň“ — diýdim.
„Näme? Mesele-de şonda-da.. Olar hiç hili düzgünlere boýun
bolmaýarlar. Hatda boýun bolmalydyram öýtmeýärler“ — diýip,
ol maňa ynamsyzlyk bilen ýüzlendi.
„Siziň diýýänleriňize men düşünýärin, ýöne ýene bir gezek
gaýtalaýaryn: hemişe düzgünleri aýdyp ýörmegi ýatdan çykaryň.
Özara gatnaşyklary ýola goýmaga başlaň. Barybir siziň ýitirýän
zadyňyz ýok“ — diýip, men jogap berdim.2
Siziň çagalaryňyzyň näderejede uly bolandygynyň tapawudy ýok;
özara gatnaşyklary gurup başlamaklyk hiç haçanam giç bolmaýar. Dört
sany uly çagasy özüne garşy hemişe topalaň turzup, ejesine aýdyp
bolmaz derejede ejir çekdirip we ýüregini agyrdyp ýören Portlendli bir
aýal ýadyma düşýär. Dik Deý ikimiz onuň bilen özümiziň „Öz çagalaryňyz
üçin nädip gahryman bolmaly“ diýen kitabymyzda beýan edilen özara
gatnaşyklary gurmagyň birnäçe ýörelgelerini paýlaşdyk. Ol öz üstüne
özara gatnaşykalary dikeltmegiň uzak wagtlaýyn we agyr wezipesini
almagy niýet edinip öýüne gitdi. Bäş ýyl geçenden soň biz bu aýal
bilen ýene-de duşuşdyk. Ol öz çagalary bilen gatnaşyklaryň 180 gradus
üýtgändigini bize gürrüň berdi! Ol gözüni ýaşa dolduryp, gatnaşyklara
üns bermäniň, hatda uly çagalar bilen gatnaşyklara üns bermäniň hem
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
120
bol miwe getirip biljekdigini aýtdy.
DÜZGÜNLERI DÜŞNÜKLI GURMAKLYK
Maşgala psihology Jon Rouzmond, adalatly ene-atalar „düzgünleri
düşnükli ýola goýýarlar. Özlerine nämä garaşmalydygyny kesgitlemek
zerur bolanda bir zadyň «daşyndan aýlanyp ýöremeýärler». Olar çagalaryna ýalbarmaýarlar, özüne çekjek bolmaýarlar ýa-da haýbat atmaýarlar.
Olar çagalaryna özleriniň näme etse boljakdygyny, näme etmeli däldigini
ýa-da näme etmelidigini göni aýdýarlar“ diýip hasaplaýar.3 Daşyna
germew aýlanan örülerde sagdyn goýunlaryň ösüp-ýetişişi ýaly, paýhasly
çäklendirilmeler sagdyn we bagtly çagalaryň ösüşine ýardam edýär.
Gowy ene-ata bolmak barada sansyz-sajaksyz tomlar ýazylypdyr. Bir
awtor haýsydyr bir pikiri belleýär, ikinjisi birinjisine garşy çykýar. Ýöne
men Pawlusyň hatlarynyň birindäki: „Eý atalar, siz hem çagalaryňyzy
gaharlandyrman, olary Rebbiň terbiýe we öwüdi bilen ulaldyň“ (Efesliler
6:4) diýip aýdylýan setirlerindäkiden gowy maslahaty tapyp biljek däl.
Çagalaryň gaharyny getirmäge alyp barýan ýollaryň biri-de, olaryň
ýigrenýän we düşünmeýän düzgünlerini, ülňülerini teklip etmekdir.
Mysal üçin, käbir atalar öz gyzyna: „Ýaşajyk hanym, sen öýe öz
wagtynda köwlenersiň diýip umyt edýärin“ — diýýärler. Emma öz
wagty diýip nämä düşünmeli? Bu sorag açyklygyna galýar: on ýedi
ýaşly gyz üçin gije sagat bir hem diýseň öz wagty bolup biler. Kakasy
bolsa agşam sagat on birde eýýäm gaýgy edip, tolgunyp başlaýar. Belli
wagtyny düşnükli aýdyp:“Gaýrat et-de, öýe, hatda on birlere däl-de, göni
sagat on bire gaýdyp gel“ — diýip aýtmak has gowudyr.
Ýetginjege: „Hapany dökmelik seniň borjuňa girýär“, diýmegiň
deregine: „Her gün irden mekdebe gitmezden öň hapany dökmeklik
seniň borjuňa girýär“ diýip kesgitli aýtmaklyk ata üçinem, ogul üçinem
gowudyr. „Bar, öz otagyňy ýygnaşdyr“ diýmegiň deregine: „Men seniň
öz otagyňy günortanlyk naharyna çenli ýygnaşdyrmagyňy isleýärin.
Tozany süpürmek we poly syrmak hem hökmandyr“ diýse gowy bolar.
Düşnükli aýdylan düzgünler we tamalar ata serhet gurmaga, çaga
bolsa olary ýerine ýetirmäge kömek edýär, şeýle hem, bulaşyklylygyň
we nädogry düşünmäniň öňüni alýar.
Tertip-düzgün ynan edýän ata
121
ÖZÜNI ÝARAMAZ ALYP BARMAGYŇ ERBET NETIJELERI
GETIRMEGINE ÝOL BERMÄŇ
Çagalar bir erbet zat edeninde, adatça özüne ünsi çekmäge synanyşýandygyny ýatdan çykarmazlyk peýdalydyr. Çagalaryňyz özüni erbet
alyp baranda, siziň olara ähmiýet bermän bilmejekdigiňiz göze görnüp
dur. Haýsydyr bir çäreleri görmeli. „Muňa nähili garamaly?“ diýen sorag
ör-boýuna galýar. Çaga özüni erbet alyp baranda siziň hem muňa
garaýşyňyzy görende, ol näme görýär?
Eger siziň sesiňizi gataltmaňyza çaga aňsatlyk bilen ýetýän bolsa,
haýsydyr bir usul bilen öjükdirende gyzarýan bolsaňyz, onda ol siziň
ünsüňizi çekmäniň iň gowy usuly erbetlik etmekdir diýen netijä geler.
Başga bir tarapdan, eger siz onuň erbetligine asuda, uzak leksiýasyz
ýa-da gaharsyz garasaňyz netije munuň ýaly bolmaz. Ýönekeý usullaryň
ýene-de biri — bu çaga rahatlyk bilen özüniň erbet häsiýetine hiç kimiň
çydam etmejegini, eger gerek bolsa maşgaladan az wagtlyk aýratyn
goýmaly boljakdygyny düşündirmekdir. Ýatda saklaň, ýekelikdekäň
özüňe üns çekmeklik has kyndyr. Çagany burçda goýmagyň birneme
köneçilräk pikir bolmagy mümkindir, ýöne şeýle-de bolsa, bu çäre edil
öňküsi ýaly çagalaryň köpüsi üçin diýseň peýdalydyr.
Bu zatlary köp çagalar üçin ulanmagyň ýönekeý zat däldigine men
düşünýärin. Çaganyň eden erbetligine nähili garaýşyňyz bolanda-da bir
zady ýatdan çykarmaň, çaga käwagt nädogry hereket etmelidir. Olaryň
käbir ýagdaýlarda erbetlik etmekleriniň sebäbi, olar çagadyrlar. Olaryň
erbet hereketleriniň netijesini çişirmezligi öz öňüňizde maksat edip
goýuň. Munuň deregine olaryň gowy hereketlerine köpüräk üns beriň.
Meniň öňem ýatlap geçişim ýaly, olary gowy işleriniň üstünde tutmaga
çalyşyň. Hut şunuň ýaly usul güýçlendiriň.
ÖŇÜNDEN MEÝILLEŞDIRIŇ
Köp atalar tertip — düzgün usullaryny öňünden meýilleşdirmäge
bolmalysy ýaly ähmiýet bermän, öz işini özleri kynlaşdyrýarlar. Maşgala
psihology Jon Redmondyň pikiriçe, adalatly ene-atalar „kynçylygy çözüp
başlamak üçin onuň ýüze çykaryna garaşyp oturmaýarlar“.4
Mysal üçin, eger gyzyňyzyň giç galyp geljegine we muňa nähili
garamalydygyna taýýarlanmadyk bolsaňyz, onda gyzyňyz bellenilen
wagtdan bir sagat giç gelse, ol gapyda peýda bolýança içiňiz ot alyp
durar. Ýa-da, eger siziň dört ýaşly çagaňyz hemişe dükanda goh turuzýan
bolsa, siz munuň ýene we ýene gaýtalanaryna garaşarmysyňyz, ýa-da
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
122
beýle ýagdaý özüňizi deňagramlylyk ýagdaýyndan çykarmaz ýaly,
öňünden asuda we meýilnamaly usul meýileşdirersiňizmi?
Meniň bir, ruhy çopan, dostum, ogly on ýedi ýaşyndaka, öz duşuşýan
gyzy bilen jynsy gatnaşykda bolýandygy sebäpli aýaly ikisiniň alada edip
başlandygyny maňa gürrüň berdi. Ogullarynyň özlerine syryny açmagyny
isläp, olar birnäçe gezek öz söýgüsini we mährini görkezmäge
çalşypdyrlar, ýöne oglan özi bilen şol gyzyň arasynda jynsy gatnaşyklaryň
ýokdugyny aýdyp, bir depen ýerini depip durupdyr. Ata bilen ene bu
baradaky pikirlerini bes etmändirler-de öz aralarynda, eger ogullary şol
gatnaşyga başlan bolsa ýa-da gyz göwreli bolsa, onda näme etmelidigi
barada birnäçe gezek gürrüň edipdirler.
Ine, birnäçe hepde geçenden soň ruhy çopanyň ogly bilen onuň
duşuşýan gyzy aglap-eňräp, täzeliklerini paýlaşmak üçin öýüne gelipdirler. Gyz, elbetde, göwreli eken.
„Bu, elbetde, kyn pursat boldy, ýöne şeýle ýagdaý bolaýsa nähili
hereket etmelidigini aýalym ikimiziň öňünden gürleşendigimize men
diýseň şat. Eger bu ýagdaýa öňünden taýýarlanmadyk bolsam, näme
etjegimi bilmezdim. Meniň gaty gaharlanmagym ýa-da soňundan örän
gynanjak bir sözümi diýäýmegim mümkindi. Şunuň ýaly ýagdaý bolaýsa
näme etmelidigini eýýäm maslahatlaşyp goýandygymyz üçin biz ýerlikli
jogap bermegi başardyk“ — diýip, bu ata häzir gürrüň berýär.
HAKYKY NETIJELERI HEREKETE GIRIZIŇ
Ýazgynyň bize, oňat tertibe çagyrmagyň iki nusgasyny berýändigine men
ynanýaryn.
Isanyň azaşan ogul baradaky tymsaly, hakyky netijeler özüniň ýüze
netijeleriň kömegi bilen düzetme güýjüniň ajaýyp şekillendirmesi bolup
durýar. Bu tymsalda ýaş ýigit öýünden gidip, uzakda ýaşama kararyna
gelýär. Ol kakasynyň öz mirasyndan oglunyň paýyny bölüp bermegini
ynan edýär. Ata näme boljagyny bilýärdi, ýöne şonda-da oňa pul berýär.
Atanyň, öz eden işiniň hakyky netijelerinden ejir çekme ýoly bilen,
birnäçe kyn sapaklary oglunyň özüniň almagyny isländigi görnüp dur.
Hakyky netijeler ýüze çykmasyny gijikdirmedi. Ýigit hemme puluny
harç edýär, işini we dostlaryny ýitirýär. Bu ýagdaý onuň doňuzlaryň
ýanynda iýmitlenmesi bilen gutarýar. Isa onuň diňe şonda „özüne gelendigini“ (Luka 15:17) aýdýar. Başgaça aýtsak, ýigide özüne gelmek üçin
hakyky netijeler gerek bolupdyr. Ol öýüne, kakasynyň ýanyna gaýdyp
barma kararyna gelýär. Öýünde ony kabul edýärler we öňküsindenem
güýçli söýýärler (Luka 15:11-32).
Tertip-düzgün ynan edýän ata
123
Atanyň ony diňe bir goýbermän, oňa pul hem bermegi geň galarlykly
zatdyr. Köp atalar ogullaryny goýberip bilerler, ýöne olaryň näçe sanysy
mirasdan bir bölegini ýele sowruljagyny bilse-de berer? Ýöne azaşan
ogluň kakasynyň, puldan köp ýokary derejede bolan gowy sapak alma
mümkinçiligine ýol beren bolmagy mümkin.
Biziň „Öz çagalarymyz üçin nädip gahryman bolmaly“ diýen kitabymyzda Dik Deý, şol wagtlar entek kiçijik bolan ogly Jonatana sapak
bermek gerek bolanda hakyky netijeleri ulanyşy barada gürrüň berýär:
Biziň öýümizde açyk duran peç bardy. Ol pol bilen deň derejededi.
Men Jonatany gaýgy edýärdim. Oduň özüne näme etjegine
düşünmän onuň peje elini uzadyp, Şarlotta ýa-da men seretmän
durkak, elini ýakmagy mümkindi.
Bir gezek agşam
agşamlyk, biz şemiň ýagtysyna nahar edinip otyrdyk.
Jonatan ýalny elläp görjek bolup, elini uzadyp başlady. Şarlotta
hem ony saklajak boldy. Ýöne men: „Oňa degme, goý elini
degirsin“ — diýdim.
Jonatan ýalyna elini degirdi-de, derrew agyrydan ýaňa gygyryp,
barmagyny çekip aldy. Ol gaty bir ýanmady, ýöne oduň güýji
we oňa hormat goýmaldygy barada düşünje almak üçin ýeterli
boldy. Käbirleriniň, Jonatanyň şemiň ýalnyna elini degirmegine ýol
bermeklik — bu zabunlyk bolupdyr diýmegi mümkin, ýöne men
beýle pikir etmeýärin. Güýçli otdan ejir çekeniňden, goý ol kiçijik
ýalna elini degrip, oduň ýakýandyny gowuja bilsin.5
Bäşinji synpda okaýan oglunyň ownuk ogurlyk edeni üçin poliseý
maşynynda öýe getirilmegine ýol berýän ata, hakyky netijeleriň terbiýeçilik
güýjünden peýdalanýar. Mekdepde erbet baha alýandygy üçin gyzynyň
woleýbol toparyndan çykarylyşyny ümsüm ejir çekme bilen synlaýan ata
hem hakyky netijeleriň terbiýeleýji täsirinden peýdalanyp biler. Oglunyň
„transport serişdelerini neşe serişdeleriniň täsiri astynda sürmäge“ ýol
beren gussaly ata hem hakyky netijeleriň täsirini ulanyp biler.
LOGIKI NETIJELERI KESGITLEMEK
Ýazgyda görkezilen tertip — düzgünliligiň ýene bir usuly, logiki netijedir.
Çaga öz borçlaryny ýerine ýetirmese ýa-da özüni erbet alyp barsa, näme
boljagyny ene-atanyň çaga üçin kesgitlemegidir. Mysal üçin, „Eger sen
naharyňy iýip gutarmasaň, desert almarsyň“ ýa-da „Eger sen güjüjegiňi
naharlamasaň, onda özüňem nahar iýmersiň“. Biz logiki netijäniň
124
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
mysalyny Erem Bagynda bolan wakanyň üsti bilen hem görüp bilýäris.
Hudaý bu bagyň ýaşaýjylary üçin hemme zady berdi. Meniň öňem belläp
geçişim ýaly, Ol, ýekeje agajyň, ýagny ýagşylygy we ýamanlygy bilme
agajynyň miwesinden iýmegi gadagan etdi. Eger şonda-da şol agajyň
miwesinden iýseler, onda munuň netijesinden ejir çekjekdiklerini Reb
öňünden düýduryp — çünki „ölüm bilen ölersiňiz“ — diýdi (Başlangyç
2:15-17).
Elbetde, Howa bu miwelerden dadyp gördi, soň Adam hem datdy. Bu
işiň netijeleri özüne garaşdyryp durmady. Adam bilen Howa ölümli
boldular hem ejir çekip dogurma, agyr zähmetiň zerurlygy, Jennetden
kowulma ýaly jezalaryň barysyny çekdi (Başlangyç 2:15-17).
Hudaý Adam bilen Howanyň hereket edip biljek serhetlerini
belleýär. Olar şol çäklendirilmeleri bozma kararyna gelenlerinde, olary
belli bir netijeler gurşap aldy. Reb olary öňküsi ýaly söýýärdi, ýöne
olaryň şahsy saýlawyna laýyklykda ähli logoki netijeleri amala aşyrdy.
Dik Deýiň atalyk tejribesinden ýene bir şekillendirmäni getirýärin.
Ol logiki netijäniň terbiýeleýjilik güýjüni örän gowy görkezýär:
Meniň uly oglum Dik sürüjilik şahadatnamasyny alanda biz bir
zat barada gürleşdik. Eger ol ýol hereketleriniň düzgünlerini
bozaýsa, onda jerimäni özi töleýär hem-de şahadatnamasyndan
mahrum bolup, otuz günüň dowamynda awtomobil sürmeýär. Dikiň
ilkinji gezek ýol hereketiniň düzgünlerini bozan güni entegem
ýadymdadir.. Ol meniň ýanyma ýuwaşlyk bilen girdi-de: „Kaka,
men jerime kwitansiýasyny aldym“ — diýdi.
Dikiň nämä garaşandygyny men bilemok welin, meniň oňa
ilkinji aýdan zadym: „Maşynyň açary nirede?“ — diýen sözler
boldy.
Dik maňa açarlary uzatdy. Ol jerimäni-de töledi we otuz gün
maşyny sürmedi. Men oňa hiç hili takal okamadym. Men ondan:
„Sen näme üçin beýle etdiň?“ — diýibem soramadym. Logiki
netijeler öňünden kesgitlenipdi. Dik tölemäge bellenilen bahany
tölemelidigini bilýärdi.6
Logiki netijeleriň terbiýeleýji täsirini ulanmak, dowamly takal okamalaryň, düşündirişleriň, sögüşmäniň we gykylygyň zerurlygyny aradan
aýyrýar. Ediljek hereketleriň logiki, paýhasly netijelere alyp barýandygyny
ata-da, çaga-da bilen ýagdaýynda şol hereket bolan badyna, kynçylyk
çözülýär duruberýär.
Logiki netijeleriň güýji ata bilen çaganyň arasyndaky gatnaşygy
Tertip-düzgün ynan edýän ata
125
diýseň ýeňledip bilýär. Ata poliseýiň, kazynyň ýa-da hökümi ýerine
ýetirijiniň roluny ýerine ýetirmek gerek bolmaýar. Ol ýöne bir çaganyň
öz hereketi bilen özüne saýlan netijelerini durmuşa geçirýär.
ÖZ PIKIRIŇDE GALMAK
Bir gezek meniň uly gyzym Kelli sekizinji synpy gutarýandyklary
mynasybetli öz jorasynyň öýünde guralan agşamlykdan öýe jaň etdi. Ol
şol ýerde galmaklyga rugsat sorady. Men onuň haýyşyny diňledim-de,
birnäçe sorag berdim. Kelli agşamlygyň „dowamynda“ birnäçe oglanyň
hem galjagyny, alkogoluň bolmazlygyna söz berip bilmejekdigini aýtdy.
Gije sagat ondan soň galmagy meýilleşdiren birnäçesiniň adyny aýdanda,
alkogolly içgileri tapyp biljek bir meşhur oglanyň adyny tanadym. Ol
hem Kelli ýaly on dört ýaşlydygyna garamazdan şeýle zatlary edip
biljekdi.
Men Kellini diňläp bolanymdan soň: „Ýok gyzjagazym, men seniň ol
ýerde galmagyň hökman däl diýip pikir edýärin. Men agşam sagat onda
agşamlyk gutarandan soň göni öýe gelmegiňi isleýärin“ — diýip jogap
berdim.
Şondan soňky ýarym sagadyň dowamynda Kelli ýene üç gezek jaň
etdi. Bir gezek jaň edende hatda agladam. Şonda men näme bolýandygyny anyk bildim. Başga-da dört-bäş gyz galmak isläpdir, ýöne olara
ene-atasyndan rugsat almak gerek eken. Hemme zat Kelliniň kakasy
Makdauelliň aýtjak zadyna bagly bolupdyr.
Kelliniň deň-duşlarynyň täsirine düşendigi bildirip durdy. Ol alada
eder ýaly zadyň ýokdugyny aýdyp başlady. Öýde gyzyň ene-atasynyň
bardygyny, başga-da adamlaryň köpdügini, hiç kimiň biri-biri bilen
ýekelikde galyp bilmejekdigini hem aýtdy.
Kelliniň dostlarynyň aýdyp duran zatlaryny gaýynan oturany aýdyň
bildirip durdy, emma men öňki pikirimde galdym.
„Kelli, men gynanýan, ýöne sen öýe geläýmeli“ — diýip men jogap
berdim. `
Men entegem hamsygyp duran gyzymyň sesini eşidip durşuma
trubkany goýdum. Men ony gynandyrmak islemeýärdim, ýöne dogry
hereket edýändigimi bilýärdim. Birneme soňurak Kelli gelenden soň,
Dotti bilen meni turzup, galmaga rugsat bermändigimiz üçin minnetdarlyk bildirdi.
„Kaka, aslyýetinde meniň galasym gelibem durmady, onda-da sen
«ýok» diýeniňden soň islemedim. Beýleki gyzlar bolsa meni mejbur
etdiler. Bu zatlaryň hötdesinden gelmäge kömek edeniň üçin sag bol“
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
126
— diýip, Kelli aýtdy.
Eger ene-atalar öz diýeninde berk dursalar we öz pikirini goldasalar,
onda munuň iki jähtde çagalara goldaw berjekdigi maňa aýdyň boldy.
Birinjiden, çaga „Ene-atam rugsat bermeýär“ diýmek bilen deň-duşlarynyň edýän basyşyna hötde gelip bilýär. Ikinjiden, bu has-da wajyp, bu
çagalara äsgermezlik etmek bolmaýan ýa-da bölekleýin ýerine ýetirmeli
bolan belli bir gymmatlyklaryň we ülňileriň bardygyny bilmäge mümkinçilik berýär.
GAHARDA DÄL-DE, SÖÝGÜDE HEREKET EDIŇ
Mukaddes Kitapda: „Reb söýýänini terbiýeleýändir“ diýilýär.7 Ol ýerde
Rebbiň ýigrenýänini jezalandyrýandygynyň aýdylmaýandygyna üns
beriň. Ol ýerde Onuň hatda gaharyny getirýänleri jezalandyrýandygy
hem aýdylmaýar. Ol gaharda däl-de, söýgüde jezalandyrýar.
Her bir ata-da çagalaryna käwagt gaharlanýar. Ýöne paýhasly ata
şonuň ýaly pursatda jeza bellemekde örän habardar bolýar. Eger men
gyzarýan ýa-da gygyrýan bolsam, onda öz çagama dogry duýduryş
bermäge ýagdaýym çatmaz. Eger men kimdir biriniň üstüne gaharly
sözler bilen ajymy pürkme ýa-da bir ýerini agyrtma höwesini duýýan
bolsam, onda çagany söýgi bilen terbiýelemegi başarmaryn.
Meniň öň belleýşim ýaly, ine, näme üçin duýduryşlary özümiň
çagalarym bilen özara gatnaşyklarymyň esasynda bermek meniň üçin
şeýle wajypdyr. Jeza bellemeziňizden öň ondan: „Meniň özüňi söýýändigimi sen bilýäň dälmi?“ — diýip soraň. Bu öz terbiýeleýji hereketlerimi
biziň özara gatnaşyklarymyzyň çäklerinde goýmakdaky ýönekeý
hereketdir, munuň bilen birlikde ýene-de az ahmiýetli bolmadyk (käwagt
bolsa uly ähmiýetli bolan) bir zada ýetilýär: eger men özümiň Gökdäki
Atamyň keşbindäki ata bolmak isleýän bolsam, onda çagalarymy gaharda
däl-de, söýgüde jezalandyrmalydygymy ýatladyp, maňa terbiýe hökmünde
hyzmat edýär.
TERBIÝEÇILIK ÇÄRELERINI DÜZETMEK
Käbir ene-atalar haýsydyr bir wagtda saklanýarlar-da, soň öňe süýşmeýärler; olar on alty ýaşly çaga edil alty ýaşyndakysy ýaly degişli bolýar.
Olaryň bu usuly çaga sallançakdan mazara çenli...ýa-da hiç bolmanda
öýden gidýänçä gözegçilik etmekde jemlenendir. Munuň ýaly usulyň
çagada beýle çäklendirilmeleriň içinde boglup barýan ýaly duýgyny we
sustybasyklyk duýgusyny döretmegi mümkin. Munuň ýaly ýagdaý,
Tertip-düzgün ynan edýän ata
127
köplenç çaganyň oýlanyşyksyz we sagdyn bolmadyk hereketleri etmegine
getirýär. Ol diňe bir özüne gözegçilik etmegi öwrenip bilmeýändigini
görkezmän, eýsem, islendik gözegçiligi-de ýigrener.
Ýöne biziň Gökdäki Atamyz bize düýbünden başgaça garaýar.
Ýewreýler hatyň awtory şeýle diýýär: „...Hudaý Öz mukaddesligine şärik
bolmagymyz üçin, biziň haýrymyza terbiýe edýär“ (Ýewreýler 12:10).
Başga sözler bilen aýtsak, Ol, biz öser ýaly, mukaddeslige ýakynlaşar
ýaly, ulalar ýaly hem-de Oňa has meňzeş bolar ýaly edip terbiýeleýär.
Çaganyň ýaşyna we tejribesine laýyklykda jezany gowuja gözden
geçirmek bilen, paýhasly ata Gökdäki Atasynyň keşbini görkezmäge
çalyşar. Ol çaganyň täze synaglara, jogapkärçilige ýa-da ýeňilliklere, içki
tertip-düzgüniniň bähbidi üçin onuň daşky jezalaryny gowşatmaga haçan
taýýar bolýandygyny bilýär.
Mysal üçin ata günleriň birinde özüniň biderek zat üçin sögüşen
çagalaryna: „Men muňa goşuljak däl. Öz araňyzda özbaşdak düşünişer
ýaly indi siz uly adam bolduňyz diýip pikir edýärin“ ýa-da „Eger sen
mekdepde gowuja okasaň, onda islän wagtyň ýatyp bilersiň“ — diýip
düşündirip biler. Bu zatlaryň hemmesiniň manysy, täsirli tertip-düzgüniň
ysygiderliligi-de, başarnykylylygy-da ynan edýändigindedir.Ýzygiderlilik
jezany bermek we ulanmak üçin, başarnyklylyk, çagalar ösüp —
ulaldygyça düzgünleri üýtgetmek we garaşmak üçin wajypdyr.
Ene-atasy ýerlikli — söýgüli, düşnükli, yzygiderli — tertip-düzgüni
ulanýan çaga hormat, rahatlyk we dogrulyk görnüşindäki miweleri alýar.
Çagalaryny paýhasly terbiýeleýän ata, olaryň — emosional, durmuşy,
ruhy we fiziki taýdan — sagdyn durmuşda ýaşamagyna ýardam edýän
häsiýeti, öz tertipliligini ösdürmäge olara kömek edýär. Ol çagalaryna
oýlanyşyksyzlyk bilen ädilen ädimiň pajygaly netijelerinden gaça
durmaga kömek edýär. Ol gowy abraýdan gelýän ak patadan lezzet alma
mümkinçiligini olara berýär. Ol çagalarynyň aňynda we ýüreginde hemde olaryň başga adamlar bilen özara gatnaşyklarynda sazlaşyk döretmäge
çalyşýar.
Rebbiň mendäki tertip-düzgüni ine, nämä alyp barýar, bu bolsa meniň
çagalaryma arzuw edýän zadymdyr.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Şu baba laýyklykda, ene-atanyň dört görnüşli häsiýeti bar: awtokratik,
hemme zady bagyşlaýan, biperwaý, gyzyklanyjy. Entek çagakaňyz
şol görnüleriň haýsysy siziň öýüňize mahsusdy? Görnüşleriň haýsysy
tertip — düzgüne özüňiziň garaýşyňyzy häsiýetlendirýär?
2.* Ýewreýlere hatda (12:10) Hudaý tarapyndan berilýän jezanyň maksady
(Öz mukaddesligine şärik bolmagymyz üçin) ýatlanylýar.
Öz çagalarymy ................................................. üçin jezalandyrýaryn
Öz çagalarymy ................................................. üçin jezalandyrýaryn
Öz çagalarymy ................................................. üçin jezalandyrýaryn
Öz çagalarymy ................................................. üçin jezalandyrýaryn
3. Siz haçandyr bir wagt hakyky ýa-da logiki netijeleri terbiýeçilik serişdesi
hökmünde ulanyp gördüňizmi? Mysallar barada pikirleniň. Eger siz
logiki netijeleri ulanyp başlamakçy bolsaňyz, onda muny azajykdan
haýalrak ediň, logiki netijeler ýerine ýeter ýaly, öz pikiriňizde galyň.
4. Çagalaryňyzy tertip — düzgüne çagyrandaky usuluňyzy barlap görüň.
Özüňiziň ýüzlenjek bolýan derejäňiziň ýokarsyndaky çyzygyň üstüne
„x“ belgisini goýuň
.........................................................................................................
Tankyt
Düzetme
.........................................................................................................
Ýazgarma
Öwretme
.........................................................................................................
Boýun egme
Ýolbaşçylyk
.........................................................................................................
Gözegçilik etme
Azatlyk berme
Öz Ataňyza has meňzeş bolmak üçin, siz ýokarda görkezilen ugurlardaky haýsy ädimi ätmeli?
5.* Siz söýgä we gahara seredende jezany köp ulanýarsyňyzmy? Siz, şu
ugurda gowulaşmaga ýetmek üçin haýsy takyk ädimleri ätmeli?
ATA WE BAGYŞLAMA
11
Men Donuň taryhyny biziň umumy dostumyzdan eşitdim. Don — üç
gyzyň we bir ogluň atasy. Ol öz maşgalasyny ýygnagyň içinde terbiýeledi. Aýaly ikisi her bir çagasyny Mukaddes Kitap ýörelgelerine
laýyklykda terbiýeländigine ynanýardy.
Şeýle-de bolsa, onuň kiçi gyzy ýetginjek ýaşyna ýetende jynsy
gatnaşyga başlaýar.
Eger açygyny aýtsak, ol jynsy gatnaşyk taýdan hiç zada parh goýmaýan
bolýar. Don bilen aýaly oňa kömek etmek üçin elinden gelenini edýärler,
emma hiç zadyň peýdasy degmeýär. Ol „gabat gelen adam bilen ýatmagyny“
arkaýyn dowam etdiripdir. Käwagt bolsa özüniň duşuşýan adamlary bilen,
ene-atasy ýokka, öýde ýatyp — turup ýöräpdir.
Ahyrsoňy, Don ony ýanynda oturdyp, agyrydan ýaňa ýarylaýyn diýip
duran ýüregi bilen gürleşmäge synanyşýar.
Ol: „Keti, ejeňem, menem mümkin bolan zatlaryň hemmesini etdik.
Indi näme etmelidigini biz bilemizok. Ýöne seniň indi biziň ýanymyzda
ýaşap, edýän zadyňy edip bilmejekdigiňi biz bilýäris“ — diýýär. Don öz
gyzyndan gitmegini haýyş edýär. Aýaly bilen Don özleriniň söýgüsine
Ketini ynandyrmaga synanyşýarlar, ýöne ýa-ha endigini üýtgetmek üçin
özleriniň berjek kömegini kabul etmelidigini, ýa-da ýaşamaga başga ýer
tapmalydygyny aýdyp, berk ynan etdiler.
Keti ertesi gün agşam gidýär. Ol goşlaryny ýygnap, ene-atasyna nirä
gidýändigini aýtman, öýden çykyp gidýär.
Üç aý geçenden soň Don gije sagat üçüň töwerekleri telefon jaňynyň
sesine oýanýar.
„Kaka, men awtobus wokzalyndan jaň edýän“ — diýen ses telefon
trubkasyndan eşdildi. Bu Ketidi. Ol ýene-de birnäçe tagaşyksyz sözleri
aýdýar-da: „Meniň öýe barasym gelýär“ — diýip sözüm jemleýär.
Ata we bagyşlama
131
Don turup düşeginde oturýar-da, aýalyny turuzýar. Sesiniň rahat
çykarmaga çalşyp, telefon trubkasyna „Hiç ýere gidäýme men häzir
barýan“ — diýip, jogap berýär.
Don öz gyzyny awtobus wokzalyndan tapýar-da, öýe ugramazyndan
öň uzak wagtlap berk gujaklaýar. Ol gyzyndan nirede bolanyny
soramaýar. Ol, gyzynyň köp ukusyz gijeleriň sebäpkäri bolandygyny
aýdyp, oňa takal okamaýr. Öýe gelenden soň özüniň boýun bolmaly
düzgünlerini oňa ýatlatmaýar. Ol ýöne bir ony bagyşlaýar.
Ine, men şunuň ýaly ata bolmak isleýärin. Men bagyşlaýan ata
bolmak isleýärin. Men çagalarymyň günälerini we erbet hereketlerini
boýun alyp, kakasynyň bagyşlamasyny gazanyp biljekdigini bilmeklerini
isleýärin. Kakalarynyň özlerine garşy gahary içinde saklamaýandygyny
çagalarymyň bilmeklerini isleýärin. Eger bir erbet waka ulaşsalar, onda
özleriniň hemme zady täzeden başlap bilýändiklerini çagalarymyň
bilmeklerini isleýärin.
Men şunuň ýaly ata bolmak isleýärin, sebäbi atalardaky bagyşlamazlyk
ruhunyň netijelerini men görüpdim. Men, kakasy eden zatlary üçin
özlerine gaharlanýan we hasrat çekýän çagalaryň özlerine pes baha
bermeden ejir çekýändiklerini gördüm. Kakasy özlerini kyn bagyşlaýan
çagalaryň özleriniň sabyrsyz hem başgalary bagyşlamaýan bolýandygyny
men gördüm. Bagyşlamaýan atalaryň çagalarynyň öz ene-atalarynyň
ýalançylygyny görýändigi sebäpli hasratdan dolup, öýüne, maşgalasyna
we ýygnagyna garşy gozgalaň turuzýandygyny gördüm.
Ýöne başga bir tarapdan, bagyşlaýan atanyň öz çagasynda özüne
baha bermäniň sagdyn duýgusyny we özüne ynamlylyk terbiýeleýändigini gördüm. `Bagyşlaýan atalaryň özleri bagyşlap bilýän we sabyrly
bolýan çagalary ösdürip-ýetişdirme niýetiniň bardygyny gördüm.
Bagyşlaýan atanyň, öz günälerini boýun almakda dogruçyl bolýan, eneatasyny hem çagalary köp aýlyk ýa-da ýyllyk külpetden we agyr günden
halas edýän günäsini ýa-da ýalňyşyny tiz boýun alýan çagalary aňsat
terbiýeleýändigine men ynanýaryn.
Ine, näme üçin men öz Atam ýaly, bagyşlaýan ata bolmak isleýärin.
ATANYŇ BAGYŞLAMASY
Göz öňüne getiriň, siz özüňiz üçin gözüňiziň göreji ýaly bolan ogluň
atasy. Ol doglan gününden başlap siz onuň üstüne söýgiňizi we ünsüňizi
dökýärsiňiz. Ilkinji gezek siz ony suwa düşürýärsiňiz. Welosiped sürmäni
siz oňa öwredýärsiňiz. Siz onuň sansyz-sajaksyz beýsbol oýunlaryna
barýarsyňyz. Ol syrkawlan wagty siz oňa seredýärsiňiz, gaýgylanan
132
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
wagty keýpini götermäge synanyşýarsyňyz. Siz onuň üçin elýeter
bolýarsyňyz we onuň üçin nämäniň gyzyklydygy bilen gyzyklanýarsyňyz.
Siz onuň aladasyny gowy edýärsiňiz we sowgat baryny üstüne
ýagdyrýarsyňyz. Siz çagasyny söýýän atanyň edip biljek hemme zadyny
öz ogluňyz üçin edýärsiňiz.
Ogluňyz siziň ýagşylygyňyza nahili garaýar? Ol ony bolmalysy ýaly
kabul edýär. Köplenç diňe özüne bir zat, mysal üçin benzin almaga pul
ýa-da tennis köwşi gerek bolan wagty gelmek bilen ol sizi äsgermezlik
edýär. Şeýle-de bolsa, ol käwagt ussatlyk we tutanýerlilik bilen size
boýun hem bolýar. Ol ýygy-ýygydan sizi aldaýar. Onuň sizden utanan
ýaly bolup görünmegi-de mümkin, ýöne inilerine we uýalaryna hemişe
gödek hem zalymlyk bilen daraýar.
Şunuň ýaly ogla siz nähili duýgy bilen serederdiňiz? Siz ony
bagyşlarmydyňyz? Jogabyň üstünde gowuja oýlanyň, sebäbi bu wakada
siz ata däl-de ogulsyňyz.
Gökdäki Ataňyz size söýgi bilen rehimdarlyk berdi, siz bolsa ýokarda
gürrüňi edilen ogluňky ýaly jogap berýärsiňiz (Aslyýetinde eger siz maňa
meňzeş bolan bolsaňyz, onda meniň bu ssenaride ýazyşymdan-da beter
bolardyňyz). Şonda-da Reb sizi bagyşlaýar we bagyşlamagyny dowam
edýär. Geň galaýmaly zat, şeýle dälmi? Ýok, hakykatdanam ýok. Ol diňe
bir şunuň ýaly Atadyr. Bu — Onuň tebigatynyň bir bölegidir.
Ähliýazyklaryňybagyşlaýan,ählikeselleriňibejerýän...
Oldur...Gündogargünbatardannähiliuzakbolsa,şonça
daOljenaýatlarymyzybizdenuzaklaşdyrdy.Atanyň
ogullarynanähilihaýpygelýänbolsa,şonçadaRebbiň
Özündengorkýanlarahaýpygelýändir(Zebur 103:3, 12-13)
Özündengorkýanlarahaýpy
12-13)..
Men,MeniňÖzümseniňjenaýatlaryňyÖzÖzümiň
hatyramatekizlärin,günäleriňiýadasalmaryn(Işaýa
hatyramatekizlärin,günäleriňiýadasalmaryn
(Işaýa 43:25).
43:25).
Ol bagyşlaýan Atadyr. Onuň buýruklary we emri, taryhdaky islendik
atanyňkydan köp ýerine ýetirilmedik ýa-da bozulan bolsa-da, Ol öňküsi
ýaly bagyşlamaga taýýar we Öz çagalaryny bagyşlamak isleýär. Isanyň
azaşan ogul tymsalyndaky garaşýan ata ýaly, Hudaý diňe bir garaşman,
eýsem, bagyşlamaga howlugýar. Hatda Özüniň rehimdarlygynda we
mähribanlygynda, entek biziň toba sözlerimiz ýaňlanyp başlamanka
bagyşlap başlaýar (Luka 15:11-32).
Şunuň ýaly bolmaga erbet taýýarlanan bolsam-da, hatda taýýarlanmadyk bolsam-da, hut şunuň ýaly ata bolasym gelýär. Ýolumda meniň
Ata we bagyşlama
133
tekepbirligim durýar. Ýolumda meniň durnuksyzlygym durýar: käwagt
özümde bagyşlama ruhuny tapyp bilmeýärin. Ýolumda meniň gorkym
durýar: edenlerini bagyşlamaklyk, olary makullamak bilen bir zat bolýar
öýdüp, çagalarym maňa nädogry düşüner diýip, alada edýärin. Menem
başga planetadan gelen adamyňkydan köp bagyşlaýan ata bolup bilmerin.
Ýöne men bolmalam däl. Iň gowy Atamyň Mukaddes Ruhunyň Mesihdäki
gutulyşym arkaly mende ýaşaýandygy üçin men doga edip ýa-da Oňa bil
baglap, öz çagalarym üçin Onuň keşbini şöhlelendirip bilerin. Rebbiň
maňa düşünmäge kömek eden birnäçe aýratynlyklary aşakylarda
jemlenendir:
BAGYŞLAMA DÜŞÜNMEKLIK
Bagyşlama tarap barýan ýoldaky päsgelçilikleriň biri-de, bagyşlamanyň
nämedigine we onuň nähili hereket edýändigine ýeterli derejede
düşünmezlikdir. Çagalarymy bagyşlamaklyk, olaryň boýun bolmazlygyna
gözümi ýumýandygymy aňlatmaýar. Bu şeýle hem, onuň hereketlerini
makullaýandygymy-da aňlatmaýar. Bu olary jezadan halas etmeýär.
„Mesihilik şu günde“ diýen žurnal üçin makala ýazýan Allen K.
Guelso şeýle diýýär:
Bagyşlamak — bu özüňize erbetlik edilende ýa-da göwnüňize
deglende gahary höwes bilen taşlamakdyr. Bu öz içine diňe bir
saklanmaklygy ýa-da gazaby çäklendirmekligi däl-de, ondan doly
dynmaklygy alýar.
Bagyşlamak, bolan zada ýöne bir gözüňizi ýummak we edil hiç
zat bolmadyk ýaly görnüş edip ýöremekden has ýokary bolan bir
zady aňladýar. Bagyşlamany doly görnüşi döretmekde deňeşdirmek
üçin ulanylýan beýleki birnäçe düşünjeler bilen çalyşmak gerek
däl. Bagyşlamaklyk günä ötmegi aňlatmaýar. Bagyşlamaklyk —
bu şahsy bir zatdyr. Ol göwnüňize degilmäniň ýetiren täsirine we
siziň dörän gahardan doly azat bolma zerurlygyňyza degişlidir.
Günä ötmeklik şahsy däl-de, kanuny derejä degişli bolup, göwne
degen adam bilen pidanyň arasyndaky özara gatnaşyga däl-de,
göwne degilmäniň diňe kanuny suratda agzalyp geçilmegidir.
Günä ötmeklik bagyşlamaklykdan tapawutlylykda ruhy taýýdan
kimdir birine baglylykdan gutuluşy we mynasyp bolan jezadan
azat etmäni aňladýar...
„Düýbünde bagyşlamaklykdan tapawutlanýan ýene bir düşünje,
bagyşlama soramaklykdyr“ — diýip, K.S. Lýuis ýazýar.
134
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Bagyşlamak bilen bagyşlama soramagyň arasynda ullakan
tapawut bardyr. Bagyşlamaklyk şeýle diýýär: „Hawa, sen şeýle
etdiň. Ýöne men seniň bu babatdaky ökünjiňi kabul edýän, men
muny seniň garşyňa saklap ýörejek däl. Biziň aramyzdaky hemme
zat öňküligine galar“. Bagyşlama soramaklyk hem öz gezeginde:
„Seniň muny edip bilmändigiňe men düşünýärin, sen muny göz
öňünde tutmandyň, bu ýerde seniň günäň ýok“ diýýär. Eger hiç
kimiň günäsi ýok bolsa, onda bagyşlar ýaly zadam ýokdur. Bu
manyda bagyşlamaklyk bilen bagyşlama soramaklyk biri-birine
garşydaş diýen ýaly bir zat bolýar.
Eger bu hakykat bolsa, onda bagyşlama sowgat berlende,
nädogry hereketlere döz gelmeli bolýarys ýa-da erbetligi
bagyşlaýarys diýip gorkmak gerek däl. Bagyşlamaklyk „günäni
aýyrmagy““ aňlatmaýar-da, has dogrusy „gahardan azat etmäni“
aňladýandyr.1
Bagyşlama — onuň nämedigine, näme däldigine — dogry düşünmeklik
bagyşlaýan ata bolmakdaky ugurda wajyp ädim bolup durýandyr.
GARAÝŞYŇY ÖRÄN GÜÝÇLI BILDIRME ISLEGIŇI SAKLAMAK
Çagalar käwagt bizi soňky çäge eltmäge ukyplydyrlar. Şonda olary
bagyşlamaklyk kyn bolýar. Ylaýtada, hemme hereketleri bizi gahar atyna
mündürmäge gönükdirilen ýaly bolup görnen ýagdaýynda şeýle bolýar.
Ýöne men, eger garaýşymy örän güýçli bildirme islegime garşy dursam,
onda çagalaryma bolşy ýaly, özüme-de şunuň ýaly ýagdaýlarda diýseň
ýeňillik berip biljekdigimiň üstüni özüm üçin açdym.
Her gezek çagalar meni güýçli gaharlandyranlarynda we bagyşlamaýan
bolmaga mejbur edenlerinde, men dostumyň bir maşgala jübüti bilen eden
gürrüňdeşligini ýatlamaga çalyşýaryn. Ol bu ene-ata, özleriniň gozgalaň
turuzýan oglunyň hötdesinden gelmäge kömek etmegä çalyşdy. Ol oglan
ene-atasynyň özüne ýolbaşçylyk etjek bolma synanyşyklaryna haýal we
uly kynçylyk bilen baş galdyrýardy.
Duşuşyklaryň birinde meniň dostum olardan: „Ogluňyz geçen hepdede özüni nähili alyp bardy?“ — diýip soraýar.
Anna güni hemme zadyň nähili erbet bolandygyny olar derrew gürrüň
berip başlaýarlar. Anna güni oglanyň özüni gaty erbet alyp barandygyny
on bäş minudyň dowamynda diňläp bolandan soň dostum, penşenbe
gününiň nähili geçendigini soraýar. Kadaly. Çarşenbe güni nähili? Gowy.
Sişenbe günem erbet geçdimi? Ýok. Duşenbe güni näme, duşenbe güni ol
Ata we bagyşlama
135
özüni nähili alyp bardy? Dogrusyny aýtsak, hemme zat örän gowy boldy.
Ahyrsoňunda, dostum jemini jemleýär. Ýekeje erbet gün dört gowy
güni garaňkyradyp bilmez. Hawa, anna güni hakykatdanam, hemme zat
tersine bolupdyr. Eýsem beýleki günlerdäki bolan gowulaşmalar olaryň
gözüne ilmedimikä, anna güni bolup geçen waka sebäpli olary äsgermezlik
etmek bolarmy? Olar garaýyşlaryny örän güýçli bildiren bolmagynyň
mümkindigine, umuman alanda ogullarynyň häsiýetiniň öňküsi bilen
deňeşdirende has gowulaşandygyna düşünip başladylar.
Söýginiň ýamanlygy ýadynda saklamaýanlygy sebäpli, biz bagyşlap
bilýäris we ünsümizi çagalarymyzyň şowsuzlygynda däl-de, üstünliginde
jemläp, erbet günleri ýatdan çykarýarys.
KÖMEK BERIP, ARKA DURMAKLYK
Aýalym Dotti köp ugurlarda maňa hemişe bahasyna ýetip bolmajak
kömek etdi. Meniň bagyşlaýan ata bolmagyma gönükdirilen tagallalarymda
hem ol gowy kömek berdi. Öz göwnüne men çagalara örän gazaply
daraýan, şeýle hem, oňa eger çagalara bagyşlamak ruhunda garaýan ýaly
bolup görnen ýerimde maňa aýtmagyny haýyş etdim. Ynanaýyň, ol bu
işde, mysal üçin: „Joş, sen Keýtiden ötünç soramaly diýip pikir edýärin“
ýa-da „Joş, Hezere bir zat diýmeli diýip pikir edeňokmy?“ diýmek bilen
hakyky ekspert bolaýdy. Munuň ýaly zatlary eşitmeklik hemişe aňsat
bolup duranok, ýöne olarsyz oňubam bolanok. Ýatda saklaň, eger siz öz
öňlerinde jogapkärçilik çekmek üçin çagalaryňyza kömek berip arka
dursaňyz, onda olar hem siziň bagyşlaýan ata bolmak baradaky niýetiňizi
özüňize ýatladyp bilerler. Olar „Kaka, seniň sport maşynyňy reňklänim
üçin meni bagyşlansyň diýip pikir etmeýärin“ ýa-da Kaka, seniň ellikleriňi
beýsbol ellikleriniň deregine ulananym üçin meni bagyşlanyňa ynamyň
barmy?“ — diýip bilerler.
ÖZ GEÇMIŞIŇIZI ÝATDAN ÇYKARMAŇ
Ulalmaklyk aňsat meselelere degişli däldir. Eger dogrymyzy aýtsak,
onda biziň hemmämizem ulalýançak çagalarymyzyň häzirki edeniçe
(köpürägem bolmasa) samsyk ýa-da bilgeşleýin ýalňyşlyk edendigimizi
boýun almalydyrys. Biziň elhenç günlerimizem bolupdy. Biz gyzmalygam edipdik. Biz diýen etmez hem bolupdyk (käwagt dagy dälirän ýaly).
Biziň gozgalaň turuzan wagtymyz hem bolupdy.
Biz Rebbiň özümize edil biziň ýaly diýen etmez we gozgalaň turuzýan
şahsy çagalarymyzy sowgat berip, ene-atamyzyň aryny aljakdygy barada
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
136
hiç haçan pikir hem etmändik!
Diňe bir çagalykda däl, eýsem, ýaňy-ýakynrakda-da bolup geçen
ýetmezçiliklerimizi we şowsuzlygymyzy ýatdan çykarmasak, bagyşlamaklyk aňsat düşer. Mysal üçin, oglum öýe giç galyp gelende, eger
özümden şu hepdede meniň özüm haýsydyr bir duşuşyga giç galmadymmy diýip sorasam, bu maňa kömek edýär (Elbetde, terbiýelemek
maksady bilen barybir jeza bellemegiň, hökman bolup çykmagy mümkin,
şeýle-de bolsa, eger men geçmişime öwrülsem, onda bu maňa bagyşlama
ruhuny özümde berkitmäge kömek edýär). Eger gyzym tizligini
ýokarlandyrany üçin jerime kwitansiýasyny alanda, özümiň öňüräk ýol
hereketiniň düzgüni bozanymy ýadyma salsam, onda men ony aňsat
bagyşlaryn.
BAGYŞLAMANY ÖWRENIŇ
Men, çagalarymyň eden zatlarynyň nähili „uludygyna“ garamazdan
çagalaryny bagyşlaýan ata bolmak isleýärin. Men şeýle hem öz
çagalarynyň „kiçi“ etmişlerini bagyşlaýan ata bolmak isleýärin. Aslynda
meniň tejribäm gündelik az ähmiýetli ýagdaýlarda ata bagyşlamany
„ulanmaklyk“, çynlakaý kynçylyklarda bagyşlamaga taýýar bolmaga
kömek edýär.
Bagyşlamany ulanmak üçin her günde köp sanly mümkinçilikleriň
bolýandygyny men özüm üçin açdym. Mysal üçin, çagalaryň biri maňa
ýa-da Dottä hormatsyz gürlese, onda men oňa ilki duýduryş berýärin soň
hem bilgeşleýin bagyşlaýaryn. Eger çaga berlen duýduryşa bolmalysy
ýaly garasa, men ýylgyryp: „Sen bagyşlandyň“ diýýärin (hiç haçan
„zeleli ýok, zeleli ýok“ ýa-da „Bolýa-laý“ diýmeýärin, sebäbi men edilen
zady makullamaýaryn-da, ony bagyşlaýandygymy bellemek isleýärin).
Başga mysal hem getirmek mümkin. Aýdaly, çagalarymyň biri gijä
galyp gelýär. Men gaty bir uly bolmadyk bu günäni, bagyşlamany
öwrenmek üçin ulanýaryn. Garaýşymy örän güýçli bildirmezlige
çalyşmak üçin, men şunuň ýaly günä üçin ýerlikli jeza teklip edýärin
(„Indiki aýyň dowamynda sen öýe bir sagat ir gelmeli bolarsyň diýip
pikir edýärin“ diýen ýaly) soň bolsa bagyşlamamy bildirýärin.
Bagyşlamagy öwrenmegiň ähmiýetsiz ýaly bolup görünýän şuňa
meňzeş mümkinçilikleri maňa (Hudaýyň kömegi bilen) diňe bir öz
çagalaryma bagyşlama ruhuny bildirme boýunça edýän tagallalarymda
goltgy bermän, eýsem, kyn pursatlarda „özümi ýitirmezligime“, agyr
ýagdaýlar gelende we has agyrrak — hem has wajybrak — ýagdaýlarda
özümde bagyşlamaga güýç tapmaga-da mümkinçilik berýär.
Ata we bagyşlama
137
„MAGNIT SYNAGYNY“ GEÇIRMEK
Dik Deý ikimiziň bilelikde ýazan „Öz çagalaryň üçin nädip gahryman
bolmaly?“ diýen kitabymyzda, meniň pikirimçe žu baba dahylly bolan
aşaky maslahaty teklip etdi:
Çagalarym bilen özara gatnaşyklarymda dartgynlylyk duýup
başlanymda, meniň pikirimçe iň gowy zat, birneme yza çekilip,
çagalarymy Hudaýyň gözi bilen ägirt uly gymmatlykly şahsyýetler
hökmünde görmäge synanyşykdyr. Bu maňa, hatda ýagdaý jezany
ynan edýän bolsa hem, mähirli we bagyşlaýan bolmaga kömek
edýär. Men olaryň etmişiniň hötdesinden gelmeli bolsam hem,
öňkim ýaly olary goldap hem bagyşlap bilýärin.
Men bu yza çekilme döwrüni „magnit synagy““ diýip atlandyrýaryn. Iki magnit biri-birinden aýratyn duranda, dürli magnit
meýdanlarynda bolýarlar-da, biri-birlerine hiç hili täsir etmeýärler.
Eger siz iki magniti bir magnit meýdanyna ýerleşdirseňiz, onda
ýa-ha olar biri-birlerini çekerler ýa-da itekleşerler, garaz ikisinden
biri bolar.
Adamçylyk duýgularymyz bizi magnitlere meňzeş edýär. Sizde
magnit güýji ýok-da, duýgularyňyz bizi bar, olar çagalaryňyzda-da
bar. Siz bir maşgalada ýaşanyňyzda, bu sizi bir umumy „duýgy
meýdanyna“ ýerleşdiren ýaly bir zat bolýar. Şunuň ýaly bolanda,
biri-birine ýakynlaşan magnitleriň häsiýetine meňzeş netije peýda
bolýar. Haýsy-da bolsa ikiden biri bolýar: ýa-ha çagaňyz bilen
ýakynlaşýarsyňyz ýa-da itekleşýärsiňiz.
Her gezek çagalarym bilen dartgynly ýagdaýa düşenimde,
özüme: „Näme üçin meniň özara gatnaşyklarym dartgynlylyk
astyna düşdükä? Näme üçin men öz çagama şeýle daraýaryn?
Näme üçin çagam maňa beýle daraýar?“ diýen ýaly ýeňil bolmadyk
soraglary berýärin. Maşgalaňyzdaky ýagdaý dartgynly bolanda ýa-da
erbetleşende, bir zady anyklap bilersiziň: çagaňyzyň goraglylygyna
bir zat howp salýar we siziň çagaňyza bolan mähriňiz hem howp
astyndadyr.2
Bu „magnit synagyny“ geçirmegiň çaganyň däl-de, özüňiziň borjuňyzdygyna akyl ýetirmek, elbetde, hökmany zatdyr. Uly adam bolandygyňyz,
üçin hut siziň özüňiz — ýagdaýdan daşarda bolmak üçin — yza çekilmäge
ukyply bolmalysyňyz we näme bolýandygyny görmelisiňiz. Soň gözegçilik
astynda saklamaklyk gerek bolan gaharyň ýa-da gazabyň peýda bolmagy
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
138
mümkin. Eger gerek bolsa siz bagyşlama sowgat edip ýa-da indiki bölümde
gürrüňi edilişi ýaly, özüňiz ötünç sorap bilersiňiz.
ÖZÜŇIZ BAGYŞLAMA SORAŇ
Men özümiň on alty ýaşly gyzym Keýtini ýanymda oturdyp, şu kitabyň
üstünde işleýändigimi we özünden kömek soraýandygymy oňa düşündirdim. Soň men oňa: „Haçanam bolsa bir wagt, seniň göwnüňe degip ýada öýkeledip, soň hem ýanyňa gelmedik wagtymy ýadyňa düşürip
bilermiň?“ — diýip sorag berdim.
Ol uzaga çeken bäş-alty minudyň dowamynda pikirlenip, ümsüm
oturdy. Onuň kellesinde özüniň kakasy bolan on alty ýylymyň dowamynda howlukmaç, oýlanyşyksyz aýdan sözlerimiň ýa-da eden hereketlerimiň
hemmesiniň katalogyny sahypalap tigirçekleriň aýlanýanyny pikirimde
göz öňüne getirdim. Şol pursatda göwnüme ol ýagdaýlar üýşmeginiň
içinden has ýerliklisini we meni iň erbet ýagdaýda goýjagyny pikirinde
saýlaýan ýaly bolup göründi. Ahyrsoňy, beýle garaşma ýene çydam
etmäge mydarym ýetmedi. Keýti şeýdip ýekeje sözem aýtmady. Men bu
ýürege düşüp barýan ümsümligi bozmaga çalşyp: „Eýjejigim, hiç
bolmanda ýekeje zat“ — diýdim.
Ol ýylgyrdy-da: „Näme diýsene kaka, munuň belki özüň üçin gowy
bolmagy mümkin, ýöne seniň kitabyň üçin gowy boljagy gümana“ —
diýdi. Birdenem men, neşir etmek üçin asla mümkin bolmajak bir zady
aýdar öýtdüm. Soň ol egnini gysdy-da: „Men hiç zady ýadyma düşürip
bilemok“ — diýdi.
Nähili ýeňillik! Ýöne aýalymyň hökman bir zat goşjagyna ynanýaryn
— geň galaýmaly!
Ýok, men hemişe iň gowy ata bolandyryn diýen pikirden daşda
galdym. Meniň Keýtiden bagyşlama soramaly bolan, ýöne soramadyk
ýagdaýlarymyň bolandygyna ynanýaryn. Emma Keýti hiç zady ýadyna
salyp bilmedi. Dogrymy aýtsam, meniňem kelläme hiç zat gelmedi. Eger
şunuň ýaly ýagdaýlar ýadyma düşse, onda olary bolmalysy ýaly çözmek
üçin, men elimden gelen zady ederdim.
Öz ýalňyşyňy boýun alma we ötünç sorama ukybynyň mesihi eneatalarda örän seýrek gabat gelýändigi göze görnüp dur. Ýygnaga degişli
çagalaryň arasynda „Ýagşyny ýamandan tapawutlandyr“ diýen kompaniýanyň çäklerinde ýaňy-ýakynda geçirilen sorag — jogap alşygy 37%
çaganyň — ýagny üçden birinden gowuragynyň — ene-atasynyň mamla
däldigini ýa-da nädogry hereket edenini boýun alanyny seýrek eşidýänini
ýa-da hiç eşitmeýändigini görkezdi. Ýokarky mukdardan-da az sanly
Ata we bagyşlama
139
ulular öz çagalaryndan bagyşlama soraýarlar. Çagalarymyzyň öz
ýalňyşyny kynlyk bilen boýun alýandygy geň zat däldir! Çagalarymyzyň
özlerine pes baha bermeden ejir çekýändiginde geň zat ýokdur — olaryň
ene-atalarynyň kämillik nusgasydygy göze dürtülip durýar ahyryn!
Eden günälerine sabyrly we bagyşlamaga çalt bolan, onuň öňki
şowsuzlyklaryny, kellesiniň üstündäki gylyç ýaly saklap, hiç haçan ýada
salmaýan kakasy bar bolan çaga bagtlydyr. Munuň ýaly ata öz çagalarynda akyldarlyk, ýagşylyk we kämillik terbiýelemäge taýýar bolýar.
Munuň ýaly ata öz çagalaryna ýalňyşlyklaryny tiz boýun almagy we
günälerine toba etmegi öwretmäge taýýar bolýar. Munuň ýaly ata
bagyşlamagy başarýan we başgalara sabyrly bolýan çagalary ösdürip
ýetişdirmäge taýýar bolýar. Munuň ýaly ata gökdäki Atamyzyň keşbini
şöhlelendirmäge, şeýdibem, öz çagalarynyň ünsüni biziň iň gowy
Atamyza çekmäge taýýar bolýar.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Siz geçmişde näderejede bagyşlaýan ata bolupdyňyz? Aşakda getirilen
siziň bagyşlama bolan garaýşyňyza takyk gabat gelýän teklipleriň
biriniň daşyny aýlap çyzyň
Men hemişe-de bagyşlaýan ata bolupdym.
Men käwagt bagyşlamazdan ozal ikirjiňlenýärdim.
Men çagalarymy käwagt bagyşlaýaryn.
Men çagalarymy seýrek bagyşlaýaryn.
Men käwagt çagalarymy bagyşlamaýaryn.
2. Aşakdaky setirlerde öz çagalygyňyzyň geçen ýeri bolan öýňizde
bagyşlamak babatda nähili ýagdaýyň bolandygyny suratlandyryň.
Häzir öýüňizde şoňa nähili meňzeşlik bar? Näme üýtgedi?
.........................................................................................................
.........................................................................................................
.........................................................................................................
.........................................................................................................
3. Bagyşlama ruhuny çagalaryňyza gowy bermek üçin siz şu hepdede
näme edip bilersiňiz? Takyk jogap beriň we peýda bolan pikirleri sanaň.
.........................................................................................................
.........................................................................................................
.........................................................................................................
.........................................................................................................
4. Çagalaryňyzdan siziň ötünç soramagyňyz gerek bolan nähilidir bir
ýagdaý barmy? Eger hawa bolsa, onda ol nähili ýagdaý we siz haçan
ötünç sorajak?
ATA WE HORMAT
12
Arhiýepiskop Tillotson Kenterberiý saborunyň baş ruhanysyka (ýagny
ygtyýarlylyk hem abraý bilen baglanyşykly bolan derejäni eýeleýärkä),
durmuşynda bolup geçen bir wakany gürrüň berýär. Ol bir gezek agşam
öýündekä, gapysynda görme-görşe gelen bir adam peýda bolýar.
Baş ruhanynyň hyzmatkärlerinden biri gapyny açmaga gelende,
gapynyň aňyrsynda, Jon Tillotsonuň oýde barlygyny ýa-da ýoklugyny
soraýan üçin onçakly bir ýakymly bolup görünmedik bir ýaşuly adamyň
duranyny görýär. Kenterberiniň hormatly baş ruhanysyny hormatsyzyk
bilen „Jon“ diýip atlandyran ýaşulynyň gödekligine gaty gahary gelen
hyzmatkär gelen adama igenip, ony öýden çykaryp kowýar, soň
nätanyşyň yzyndan hapa dökendäkisi ýaly edip, elini kakyşdyrýar.
Emma baş ruhany nätanyşyň sesini eşidýär-de ony tanap, edil
hyzmatkär gapyny ýapyp duran pursatynda gapynyň ýanyna ylgap
gelýär. Ol gapyny uludan açyp, hyzmatkärleri geň galdyryp: „Bu meniň
söýgüli kakam ahyryn!“ — diýip gygyrýar.
Ybadathananyň hormatly gullukçysy ýodajyk bilen kakasynyň duran
ýerine ylgap barýar-da, onuň öňüne ýykylyp, özüne ak pata bermegini
soraýar.
Baş ruhany Tillotson ybadathanada ýokary derejä ýetendigine
garamazdan ýönekeý we hiç hili üýtgeşikligi bolmadyk ýorkşir kakasyny
söýüpdir hem oňa hormat goýupdyr. Baş ruhanynyň kakasyna hormat
bildirmegi diňe bir onuň häsiýeti barada gürrüň bermän, eýsem, onuň
kakasynyň häsiýeti barada hem düşündiriş berýär.
Men şunuň ýaly çagalary ösdürip-ýetişdirmek we şunuň ýaly ata
bolmak isleýärin. Men çagalarymyň hormatyny gazanmak isleýärin. Men
olaryň özüme hormat goýmaklaryny isleýärin. Olaryň meniň aýalyma
hormat goýmaklaryny isleýärin. Olaryň ululara hormat goýmagyny
Ata we hormat
143
isleýärin. Men olaryň abraýa hormat goýmagyny isleýärin. Çagalarymyň
öz-özlerine hormat goýmagyny isleýärin.
Bu aňrybaş häsiýeti düýbünden hakyky zat däl diýip atlandyryp
bolmaz. Munuň ýaly zadyň bolmagynyň mümkindigine men ynanýaryn.
Emma munuň ýaly hormata biziň günlerimizde seýrek gabat gelýändigimiziň sebäbiniň köplenç, biziň şu kitapda gürrüňini edýän dokuz atalyk
häsiýetleriniň miwesidigine hem men ynanýaryn. Atalar aýallarynyň we
çagalarynyň hormatyny söýgi, mähir, arassalyk, hakykat, wepalylyk,
dostluk, bagyşlama we ş. m. zatlary görkezip gazanyp biler. Bu
häsiýetleriň her birisi atanyň hormatyny, şeýle hem onuň özüniň hormata
mynasypdygyny görkezýär.
Hormat, biziň Atamyzy ýatlaýan ata edilýär.
ATANYŇ SYPATY
Mukaddes Kitap hormat etmäge çagyryşlary üstümizden guýýar. Çagalar
ene-atalaryna hormat etmelidirler; Mukaddes Kitap bize: „Eneňi we ataňy
hormatla“ (Çykyş 20:12) — diýip, buýruk berýär. Bize: „çal başly adamyň
ýanynda ýeriňden tur we ony hormatla...“ (Lewiler 19:32) diýlip, öňünden
duýduryş berlendir. Bize: „Her kişi ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun...“
diýlendir (Rimliler 13:1). Pawlus hem Timoteosa: „Ýygnagy oňat
dolandyrýan ýaşulylar, ylaýta-da, Hudaýyň Sözüni ýaýratmakda,
öwretmekde zähmet çekýänler iki esse hormata laýyk görülsin“ (1 Timoteos
5:17).
Başgalara hormat etmegiň dogry iş bolandygy sebäpli, Mukaddes
Kitap hormat goýmany wagyz edýär. Biziň her birimizde, Hudaýyň
Özüniň tebigatyndan gelip çykýan, hormata mynasyp bir zat bardyr.
„Hudaý Ruhdur...Onda ýaşaýyş bardyr“ (Ýahýa 4:24; 1:4). Onuň
tebigatynyň hut şu bölegini ähli ynsanlar paýlaşýar, sebäbi „Reb Hudaý
adamy ýeriň tozanyndan ýaradyp, onuň ýüzüne ýaşaýyş demini üfledi,
adam hem diri jan boldy“ (Başlangyç 2:7). Adamlar Hudaýyň keşbinde
we sypatynda ýaradylandyr (Başlangyç 1:26-27). Olaryň mertebe we
aýratyn maksat bilen ýaradylan ölümsiz jany bardyr. Şonuň üçin her bir
ynsan hemme adamlara ýaşaýyş we dem almany berýän Hudaýy
şöhlelendirip, hormata mynasypdyr.
Her bir adama hormat goýmakdan başga-da, biz özümize ýolbaşçylyk
edýän adama hem hormat goýup, boýun bolmalydyrys, „çünki Hudaý
tarapyndan bolmadyk häkimiýet ýokdur, bu barlar Hudaý tarapyndan
gurlandyr“ (Rimililer 13:1). Raýatlyk we ýygnak ýolbaşçylaryna hormat
goýmaklyk, Hudaýyň öz üstümizden edýän ýolbaşçylygyna edilýän
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
144
hormaty aňladýar.
Geň galaýmaly, Reb bizden we biziň aramyzdaky hormaty ynan
etmän, eýsem, Onuň Özi hem hormat edýändigini görkezýär. Ol bizi „Öz
keşbinde“ ýaratdy. Hut şonuň üçin hem, Ol bize mynasyp bolşumyzdanda ýokary mertebe we hormat bilen seredýär.
Senadamaünsbererýaly,olnäme?Senonyidärýaly,
ynsanoglynäme?Senonyperişdelerdenazkemaşak
tutduň,oňaşöhratwehormattäjinigeýdirdiň.(Zebur
tutduň,oňaşöhratwehormattäjinigeýdirdiň.
(Zebur
8:5,6)..
8:5,6)
Hudaý — hormat goýýan Atadyr. Şeýle hem Ol iň beýik hormata
mynasyp Atadyr. Meniň hut şunuň ýaly ata bolasym gelýär. Onuň mynasyp
bolan hormatyna hiç haçan mynasyp bolmajagyma men düşünýärin. Onuň
hemme zada güýji ýetýär, Ol mukaddesdir; men bolsa günäkär hem
ejizdirin. Ýöne Onuň Oglunyň beren gurbanlygy we Mukaddes Ruhunyň
hereketi arkaly men Onuň keşbini çagalarymyň öňündäki wezipämde
janlandyryp bilerin. Bu iş Oňa bil baglamaklygy, dogalara we Söze üns
bermegi ynan edýär. Şeýle hem, eger biz aşaky ugurlara we endiklere
üns bersek bu işe goltgy bolar.
HORMATY GÖRKEZMEKLIK
Siz öz ene-atalaryňyz bilen nähili gürleşýärsiňiz? Siz çagalaryňyzyň
ýanynda başgalar barada nähili gürrüň edýärsiňiz? Öz ýanýoldaşyňyza
hormatyňyzy görkezýärmisiňiz? Öz başlyklaryňyza, ýygnanyşygyňyzdaky
ýolbaşçylaryňyza, işdeşleriňize hormat edýärsiňizmi? Ýol hereketleriniň
düzgünlerine hormat goýýarsyňyzmy? Şäher düzgünlerine, Hudaýyň
ýaradan zatlaryna hormat goýýarsyňyzmy?
Hormata mynasyp ata bolmaga kömek edýän usullaryň biri-de, hut Ata
Hudaýyň Özüne ynan edýän hormatyny edýän we hormaty edil Onuň
görkezişi görkezýän ata bolmaklykda jemlenendir. Öz durmuşyňyzda
ýaşlaryň öňünde oňat gatnaşyklary we hereketleri nusga etmek, hormatyň
nähili bolýandygyny we nädip ýüze çykarylmalydygyny olara takyk
görkezýändir.
Hormaty görkezmeklik, şeýle hem, öz içine çagalara hormat bilen
garamagy-da alýar. Käbir uly adamlar hormata bir hereketi bir tarapa
gönükdirilen köçä garaýyşlary ýaly garaýarlar, ýöne çagalaram Rebbiň
keşbinde we sypatynda ýaradyldy ahyryn. Çagalary sport meýdançasynda
şowsuz çykyş edenlerinden soň çagalaryna ýigrenç bilen garaýan atalary
Ata we hormat
145
gördüm. Men çaganyň kiçijik belligine jogap edip gözüni alardýan atalary
gördüm. Men öz çagalaryny öýkeledýän ýa-da olara kemsidiji lakamlary
dakýan atalary-da gördüm. Men on ýedi ýaşly ogluna alty ýaşly çaga
ýaly garaýan atalary-da gördüm.
Atalar, hormata tarap ýol biziň aýaklarymyzdan başlanýandyr. Ol öz
çagalarymyzy Hudaýyň gözi bilen görüşimizden we olara hormatly
gatnaşyklarymyzdan başlanýandyr. Bu öz çagalarymyzyň pikirini soramagy hem-de olaryň jogaplaryny diňlemegi aňladýar. Bu öz çagalarymyza
hem edil başgalara aýdyşymyz ýaly „baş üstüne“ ýa-da „sag bol“
diýmelgimizi aňladýar. Bu biziň hemmelere—hatda öz çagalarymyza-da
— dormat etmelgimizi hem-de olara, hakykatda bolşy ýaly, Hudaýyň
çagalary hökmünde garamaklygy aňladýar.
HORMATY KESGITLEMEKLIK
Käbir çagalar hormat goýmagyň nämedigini göz öňüne getirip bilmeseler-de, hormat goýmalydygyny hemişe aýdýarlar. Olaryň ene-atalary hiç
haçanam hormata kesgitleme bermeýärler.
Hormata kesgitleme bermek öz içine çagalarymyza, Mukaddes Kitabyň hemme adamlara, ylaýta-da, ene-ataňa, ýaşuly adamlara, raýatlyk we
ýygnak ýolbaşçylaryna hormat goýmagy ynan edýändigini düşündirmegi
alýar. Şeýle hem, özüňi alyp barmagyň gowy taraplaryny, mysal üçin,
ululara mylaýym gürlemegi ýa-da hormatyň alamatyny aňladýan hereketi,
ýagny adamyň öňünde gapyny açma endigini düşündirmeli. Şon bilen
söwda merkezine gidenimizde bolan bir waka ýadyma düşýär. Biz awtomobil duralgasyna baranymyzda, gürrüňe güýmenipdiris, menem maşyny
ünssüzräk goýupdyryn.
Haýsy hem bolsa birini eýelemegiň deregine, awtomobil duralgasynyň iki meýdançasynyň ortarasynda durandygymy görenimde, eýýäm
göwrämiň ýaryny maşyndan çykarypdym. Ilkibaşda maşyny şol duran
ýerine goýup gitmek isledim, sebäbi biz birneme howlugýardyk. Soň,
özüme şeýle diýdim: „Ýok, beýtsem başga biri maşynyny goýmak üçin
uzagraga gitmeli bolar, sebäbi ol maşyny goýmaga ýer tapmaz — men
ogluma nähili görelde görkezýärin?“.
Men Şondan ýerinde durmagyny haýyş etdim-de, maşyny gaýtadan
dogry goýdum. Şonda oglum bilen gürrüňleşmäge mümkinçilik döredi.
„Oglum, maşyny näme üçin täzeden goýýanymy sen bilýäňmi?“ —
diýip soradym.
„Näme üçin kaka?“ — diýip ol hem sorady.
„Görýäňmi, men ilki başda maşyny gowy goýmandyryn. Görşüň ýaly
146
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
men iki ýeri eýeledim. Maşyny şol ýerinde goýmaklyk, edepsizlik bolardy.
Başga biri geläýse maşynyny goýmaga ýer tapman, hol dükanlaryň aralygy
ýaly aralyga gitmeli bolardy“ — diýip, men düşündirdim.
Men ogluma hormata kesgitleme berme şeýle hem, hormat bilen
hereket etmäniň nähili bolýandygyny düşündirme mümkinçiliginden
peýdalandym.
ÖZ-ÖZÜNE HORMAT ETMÄNI TERBIÝELEMEK
Başgalara hormat goýmagyň sagdyn endigi, özüňe hormat etmeklikden
başlanýar. Özüne hormat goýmaýan ýaş ýigide ejesine, kakasyna,
mugallymlaryna, ruhy çopanlaryna ýa-da başga birine hormat goýmaklyk kyn bolar. Eger atalar öz çagalaryna aşakdakylary ýerine ýetirip
bilseler, onda olara özüne hormat goýmagy öwrederler.
Men saňa hormat goýýaryn, sebäbi sen Rebbiň keşbinde we
sypatyndaýaradylansyň.Hawa, hakykatdanam günä şol keşbi ýoýdy
we garaňkyratdy. Şeýle-de bolsa, her bir çaga hormata mynasypdyr,
sebäbi ol Hudaýy keşbini şöhlelendirýär.
Men,saňahormatgoýýaryn, sebäbisenRebbiňbakymaşgalasynyň
agzasysyň. Mesihiler resul Pawlus tarapyndan „Rebbiň ýaradylyşy“ —
diýip atlandyrylýarlar.1 Pawlusyň „ýaradylyş“ diýmegi aňlatmak üçin
ulanan sözi poiema bolup, esasan hem sungat gözelliginiň çeşmesi
barada aýdylanda ulanylypdyr (şondan hem rus dilindäki „поэма“,
türkmen dilindäki „poema“ sözi gelip çykýar). Başga sözler bilen aýtsak
siziň çagaňyz — bu Hudaýyň poemasy, Onuň ajaýyp nusgasy, Onuň
sungatynyň gymmatly eseridir.
Men saňa hormat goýýaryn, sebäbi sen meniň durmuşymy
baýlaşdyrdyň. Zebur 127:3-de: „Ine, çagalar Rebden mirasdyr, ýatgynyň miwesi Ondan sylagdyr“ — diýilýär. Çagalaryň bizi baýlaşdyrýandygy,
ýöne bir çişirilen, howada asylyp duran hakykat däldir. Olar beýleki
islendik adama seredende bizi, Hudaýyň merhemetiniň üsti bilen, iň
ajaýyp şahsyýet bolmaga çagyryp bilýärler. Olar bilimi bizden alýarlar
we bize öwredýärler. Söwda merkezinde maşyny nädogry goýan
gezegimde, bilýäňizmi men Şona näme diýdim? Men: „Şon, sen dogrudanam meniň üçin aýratyn adam ahyryn. Saňa kaka bolma bagtynyň
özüme miýesser edendigine men guwanýaryn. Men dünýädäki iň bagtly
adamlaryň biridirin“ — diýen sözlere meňzeş zatlary aýtdym (Meniň
maşyny gowy goýmandygymy onuň duýmandygynda geň galar ýaly zat
ýokdur!).
Seniňýeketäkligiň,şahsyýetiň,zehiniňweukybyňüçinmensaňa
Ata we hormat
147
hormatgoýýaryn. Her bir adam — ýaş ýa-da garry — degişlilik, şahsy
gymmatlylyk we bütewilik duýgusyny duýmaga mätäçdir. Bir ýaş aýalyň
öz ene-atasy barada näme diýýändigine gulak asyň:
Ene-atamyň dogry edendikleri barada ilkinji gezek pikir edenimde,
ilki bilen olaryň biziň her birimiziň gadrymyzy dürli ukyby bolan
aýratyn şahs hökmünde bilendikleri ýadyma düşýär.
Uýam ikimize akademik bilimini almak gowy başardýardy.
Bize ýat tutmak,, okamak we düzme ýazmak ýaraýardy. Biziň iki
inimiz sungata, poeziýa, proza üns berýärdi.. Olar döredijilikden
lezzet alýardylar. Biziň hemmämizi gowy okamaga,, gowy endikleri
öwrenmäge,, mekdepde ýokary bahalary almaga höweslendirýärdiler.
Şol bir wagtyň özünde-de biz doly azatlyk duýýardyk, eneatamyzyň biziň zehinimize berk baha bermeýändigi üçin, hiç hili
basyş duýmaýardyk. Ene-atamyz bizi okuwa gönükdirýärdi. Olar
ogullarynyň döredijilik zehinlerini hem edil meniň akademiki ýeten
derejämi edişleri ýaly, öwýärdiler we ruhlandyrýardylar.2
Çagalara edilen şunuň ýaly gatnaşyk, özüne sagdyn hormat goýmanyň
ösmegine uly goşant goşup biler.
ÖZ AÝALYŇA HORMAT EDILMEGINI YNAN ETMEK
Birnäçe ýyl mundan ozal, uly gyzymyz Kelli on bir ýaşlaryndaka, olar
Dotti ikisi kyn döwri başdan geçiridler. Olar şol döwrüň dowamynda
birnäçe gezek çaknyşdylar. Kelli ejesiniň „üstünden gülüp“ we äsgermezlik bilen gürleşip ugrady.
Şunuň ýaly ýagdaýlary birnäçe gezek görenimden soň men, indi
besdir, diýen netijä geldim. Men Kelliniň egninden tutdum-da, ony
mylaýymlyk bilen özüme tarap öwürdim. Soň gözüne seredip: „Ýaşajyk
hanym, sen munuň ýaly gürpde öz ejeň bilen gürleşip bilersiň, ýöne öz
aýalym bilen beýle äheňde gürleşmäge hiç haçan rugsat bermerin! Men
bu aýaly söýýärin, şonuň üçin hem ony diňe bir maşgalamyzdan daşarky
adamlardan däl-de, eýsem, sizden, ýagny çagalarymdan hem goraryn.
Gaýdyp meniň aýalym bilen beýle äheňde gürleşäýme!“ — diýdim.
Kelli birnäçe gezek gözüni gyrpdy-da, bir zatlar samyrdaşdyryp,
çykyp gitdi. Meniň kiçijik çykyşymyň netijeleri ýüze çykmagyny
haýallatmady. Ol indiki gezek Dottä nähilidir bir awuly duýduryş berip
başlanda, özüni sözüniň ortasynda bölýärdi-de, maňa seredip: „Ah, men
seniň aýalyň bilen beýle gürleşmeli däl ahyryn, şeýle dälmi?“ — diýdi.
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
148
„Ýok Kelli, beýle gürleşmeli dälsiň“ — diýip, men jogap berdim-de,
gözümi gyrpdym.
Çagalar hormat goýmaklygy gürrüňsiz öýde öwrenýärler. Eger ejeleri
bilen hormatsyz gürleşmegine ýol beren bolsam, onda bu olara öwretmek
islän zadymdan düýpgöter başga zatlary öwrederdi.
OGLAN WE GYZ DOGANLARYŇ ARASYNDAKY HORMATY
GAZANYŇ
Oglan we gyz doganlar ýaşyna, günüň haýsy wagtydygyna we özleriniň
keýpine baglylykda iň gowy dostlar, ganym duşmanlar ýa-da hem dost
hem duşman bolup bilerler. Iniler bilen uýalar biri-birini şeýle berk söýüp
hem bilerler, ýöne biri-birine geň galdyryjy zalymlyk hem edip bilerler.
Oglan we gyz doganlaryň arasyndaky dürlülik bilen agzalalyk gutulgysyz
zatdyr, ýöne olaryň arasyndaky hormatsyzlyga hiç haçan ýol bermeli
däldir. Eger olar biri-birlerine kemsidiji lakamlar dakyp, öýkeledip ýa-da
gazap bilen gaharyny getirip başlasa, akylly ata olary derrew saklar-da,
munuň ýaly hereketleriň Mukaddes Kitap ülňilerine gabat gelmeýändigini
düşündirer. Doktor Jeýms Dobson hormat goýmanyň öz maşgalasyna
girizen aşaky serhetlerini teklip edýär:
1. Ýekeje çaga-da beýlekileriň üstünden hiç haçan hem rehimsiz gülmäge
milt edip bilmez. Nokat!
2. Her çaganyň öz otagy (eger çagalar otagda bile bolýan bolsalar, onda
otagyň bir bölegi) onuň hususy meýdançasy bolýar.
3. Uly çaga kiçi çagalaryň gaharyny getirmäge rugsat berilmeýär.
4. Kiçi çaganyň ululara azar bermeginee rugsat edilmeýär..
5. Eger olar ýeke bolmak isleýän bolsalar ýa-da dostlary bilen gürleşmek
isleýän bolsalar, onda çagalaryň bile oýnamaklary hökmany däldir.
6. Tarapgöýlük etmäni we dogruçyl bolmaga çalyşyp,, biz islendik hakyky
gapma-garşylygy mümkin boldugyça tiz aradan aýyrýarys.3
ÖWÜT-NESIHAT BERIJI ÝAGDAÝLARDAN PEÝDALANYŇ
Terbiýelemekde üstünlik gazanýan atalar akyl we bilim bermek üçin islendik
mümkinçilikden peýdalanýarlar, öwüt-nesihat beriji ýagdaýlary hem
deňinden geçirmeýärler-de, olardan uly netije gazanmaga çalyşýarlar.
Agşamlyk naharynyň başynda başarnykly ugrukdyrylan gürrüň çagalarymyzyň pikirlenişini ösdürip, olaryň kalbyna hakykat tohumyny taşlap
biler. Elbetde, bu maşgalaňyz hemişe agşamlyk naharyny bile edinýän
Ata we hormat
149
bolsa ugruna bolar. Eger beýle bolmaýan bolsa, onda näme üçin başlamaly
dälmişin? Görkezip duran telewizoruň ýa-da radionuň ýanynda bolýan
pursatlar, hormatsyzlyk bilen edilen hereketler barada gürrüň etmäge
ajaýyp mümkinçilik berýär. Eger siziň naşgalaňyzda hemişe bile agşamlyk
edinme endigi bolmasa, onda muny täzeden düzgüne salmaga synanyşyň.
Çagaňyz bilen bir ýere gideniňizde ýa-da onuň bilen haýsydyr bir
taslamanyň üstünde işläniňizde pursatdan peýdalanyp, hormat goýmagyň näme üçin beýle wajypdygyny düşündiriň. Özüne edýän hormatyňyzy
nädip gowulaşdyryp biljekdigiňizi çagaňyzdan soramaga gorkmaň. Şeýle
hem siz çaganyň häsiýetiniň nädip hezzet-hormatly bolup bilýändigine
degişli öz pikiriňizi eserdeňlik bilen aýdyp bilersiňiz.
Geçen baplaryň birinde aýdyşym ýaly, garşydaş jynsyň wekili bilen
nädip hormatly gürleşmelidigini we hormat alamatlaryny nädip bildirmelidigini öwretmek üçin çagaňyzy „duşuşyga“ çagyrmaga synanyşyň.
Haýsydyr bir çaganyň dükanda ejesi bilen gödek gürleşýäniniň şaýady
bolanyňyzda, bu ýagdaýdan öýe gaýdýan ýoluň yzdaky gürrüňdeşlikde
peýdalanyň. Ene-atalary bilen gödek gürleşýän çagalary görkezýän
telegepleşiklerden utanyp daşda durandan, ol gepleşiklere çagalaryňyz
bilen bile serediň we reklama arakesmelerinden olara: „Gepleşikdäki
çagalaryň sylaşyksyz edýän hereketleri olary wäşi, özüne çekiji ýa-da işi
oňuna bolýan adam edip görkezýärmi?“ diýen ýaly soraglary bermek
üçin peýdalanyň (dogruçyllyk bilen beriljek jogaba taýýar boluň!)
Meniň Gökdäki Atam ýaly bolasym gelýär, sebäbi hormat goýýan
atanyň özüniň hormata mynasypdygyny bilýärin. Şunuň ýaly atanyň köp
ýagdaýlarda häkimiýete hormat bilen garajak, öz-özlerine, erkek we aýal
doganlaryna, deň-duşlaryna hormat goýjak çagalary ösdüripýetişdirjekdigini men bilýärin. Hut şunuň ýaly atanyň günleriň birinde:
„Men, söýüp hem sylap bilerim ýaly, öz kakama meňzeş adama durmuşa
çykmak isleýärin“ diýjek gyzy terbiýeläp biljekdigini men bilýärin. Hut
şunuň ýaly ata günleriň birinde: „Kaka, men seniň ýaly bolmak isleýärin“
diýjek ogly ösdürip-ýetişdirip biler. Şunuň ýaly atanyň, deň-duşlarynyň,
maşgalalarynyň, işdeşleriniň, gol astyndakylaryň we — haçan-da bolsa
bir wagt — öz çagalarynyň hormatyny gazanyp biljek çagalary terbiýeläp
biljekdigini men bilýärin. Men ine, şunuň ýaly ata bolmak isleýärin.
Hudaýyň kömegi bilen bolarynam.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Bu babyň bölümlerini, şu günlerde öz maşgalaňyzdaky ýagdaýy
gowulaşdyrmak ýa-da düzetmek üçin haýsy ulgamda iň güýçli tagallalary etmelidigini görkezýän sanawa laýyklykda ýerleşdiriň (bölümlere
1-den 6-a çenli san goýuň, onda-da 1-lik san iň güýçli üns berilmegini
ynan edýän ugry görkezmelidir).
Hormaty görkezmek..
Hormaty kesgitlemek..
Öz-özüne hormat etmäni terbiýelemek..
Öz aýalyňa hormat edilmegini ynan etmek.
Oglan we gyz doganlaryň arasyndaky hormaty gazanmak..
Öwüt-nesihat beriji ýagdaýlardan peýdalanmak..
2. Aşaky setirlerde, özüňize başgalara (ene-ataňyza, aýalyňyza, başlyklaryňyza, ýygnak ýolbaşçylaryňyza) hormat goýmaga kömek edip
biljek usullaryň sanawuny ýazyň:
.........................................................................................................
.........................................................................................................
.........................................................................................................
3. Aşaky setirlerde özüňize, çagalaryňyza hormat goýmaga has gowy
kömek edip biljek usullaryň sanawuny ýazyň:
.........................................................................................................
.........................................................................................................
.........................................................................................................
4.* Özüňizde we çagalaryňyzda sylaşykly gatnaşyklary we hereketleri
berkitmek üçin şu hepdede etmegi meýilleşdirýän üç ädimiňizi sanaň:



Soň şol ädimleri takyk hereketlere geçiriň we öz gündeligiňize giriziň..
REBBIŇ GÖWNÜNE ÝARAÝAN ATA
13
Rebbiň pygamberi Şamuwel, edil özüne tabşyrylyşy ýaly etdi. Ol
beýtullahamly çopan Essäniň öýüne gelýär-de, paraddaky general ýaly,
onuň ogullaryny gözden geçirýär. Ol ilki Eliawy görýär-de: „Bu şol
bolmaly!Oňaserediňä.Oliňajaýypadam.Ondaählizat—güýç,
boý,akylwegeşiklikeşp—bar“ — diýip pikir edýär.
Emma Hudaý: „Ýok, bu Meniň saýlanym däl“ — diýdi.
Şamuweliň nazary indiki gezek Aminadawa düşýär. Şonda pygamber,
Hudaýyň saýlawynyň sebäbine düşünendirin öýtdi. „Hawa, bu Eliaw
ýaly uzyn boýly däl, ýöne bu hut şol gerekli adam, bu görnüp dur.
Onygoşunlaryjeňealypbarýan,ýüzündedegorkudannamnyşan
bolmadykgörnüşdegörüpdurunahyryn“ — diýip, ol pikir edýär.
Emma Hudaý: „Dowam ediber Şamuwel, sen bu iş bilen günuzyn
meşgullanmakçy dälsiň-ä“ — diýip jogap berdi.
Şonda Şämuwel Essäniň üçünji ogly Sama seredende, entek Rebbiň:
„Ýok, bu däl“ — diýen jogabyny eşitmänkä, beriljek jogaby aňdy.
Şamuwel, Essäniň Hudaýyň pygamberine buýsanç bilen görkezen
ýedi oglunyň hemmesini gözden geçirdi, emma olaryň hemmesine-de
„ýok“ diýen jogaby aldy. Şamuwel aladalanyp başlaýar: „Rebbim,men
bir zady çalyşýana däldirindä? Sen «beýtullahamly Esse» diýdiň,
şeýledälmi?“
Ahyrsoňunda, Şamuwel Esseden: „Seniň başga-da ogluň barmy?“
— diýip soraýar.
Esse eginlerini gysyp, elini salgap goýberýär. „Ýene bir iň kiçi oglum
bar, ýöne ol häzir goýun bakyp ýör“ — diýip, ol jogap berýär.
„Ýör onuň ýanyna gideli“ — diýip, Şamuwel diňe Rebbiň pygamberiniň
ulanyp biljek ygtyýary bilen buýruk berýär.
Esse kiçi ogly Dawudyň yzyndan adam goýberýär.
Rebbiň göwnüne ýaraýan ata
153
Şamuwel ýakynlaşyp gelýän oglanjygy görende, birden ondan uçgun
çykyp giden ýaly bolanyny duýýar. Şonda ol Hudaýyň: „Tur-da ony
mesh et, bu şol“ diýen jogabyny eşitmedi-de, ony duýdy. Şol gün
Şamuwel Dawudy Ysraýylyň geljekki patyşasy hökmünde mesh etdi.
Täze patyşany saýlamagyň sebäbi göze görnüp durdy diýip bolmaýar.
Onuň uly doganlary bişişen esgerlerdi we synagdan geçen serkerdelerdi.
Olaryň hemmesi-de, Rebbiň patyşalygy saýlanyndan uzyndy, güýçlidi,
tejribelidi. Ýöne Dawudyň bellenilmesi, Saul filistimlileri we amaleklileri
boýun egdirip, pygamberiň gaharyny getirmezinden, Galgalda Rebbe
boýun bolmazyndan köp wagt öň bolupdy. Şamuwel Rebbiň „Öz
göwnüne ýaraýan adamy tapjagyny we oňa Öz halkynyň serdary bolmagy
buýruk berjekdigini“ (Şamuweliň 1-nji kitaby 13:14) aýtdy.
Dawut özüniň boýy ýa-da harby edermenligi, iň bolmanda meşhur
akly sebäpli patyşa bolmady. Onuň patyşa bolandygynyň sebäbi, ol
Hudaýyň göwnüne ýaraýan adamdy. Özüniň Hudaý bilen özara gatnaşyklary, Onuň bilen aýratyn jebisliginiň bolandygy üçin oňa Ysraýyly yzyna
düşürmeklik ynanyldy.
Hudaýyň göwnüne ýaraýan adam. Men hut şonuň ýaly adam bolmak
isleýärin. Men hut şunuň ýaly ata bolmak isleýärin. Men Rebbiň
göwnüne ýaraýan ata bolmak isleýärin. Men çagalarym üçin Atamyň
ýüreginiň nusgasy bolmak isleýärin. Menem edil öz Atam ýaly, şertsiz
söýgi we mähir bildirmek isleýärin. Men Onuň mukaddesligini we
päkligini şöhlelendirmek isleýärin. Men dogruçyl we ynama mynasyp
ata bolmak isleýärin. Hudaýyň Öz çagalary üçin bolşy ýaly, menem öz
çagalarym üçin teselli we gaçybatalga bolmak isleýärin. Menem edil
Onuň bolşy ýaly, öz çagalarymyň dosty bolmak isleýärin. Men öz
çagalarymy tertip-düzgün bilen üpjün etmek isleýärin. Men edil Hudaýyň
bagyşlaýşy ýaly bagyşlamak isleýärin. Öz çagalarymyň maňa hormat
goýmagyny we başgalaryň hormatyny gazanmagyny isleýärin.
Ata bolmaklyk islendik nesil üçin hem kyn we çylşyrymly iş bolup
durýar. Emma „Newsweek“ üçin ýazýan Jerri Adleriň pikiriçe „ata
bolmaklyk (edil ene bolmaklyk ýaly) diňe bir nesil üçin iki esse kyn
boldy“.1 Ol jemgyýetiň biziň günlerimizde atalaryň üstüne ýükleýän
ýokarlandyrylan ynanlaryny we umytlaryny sanap çykýar. Ýigrimi birinji
asyrdaky atalyk ähli adam baýlyklaryny we pikirlerini aňry çägine alyp
barmaga ukyplydyr. Ýöne siz Rebbiň göwnüne ýaraýan ata bolmaklygy
ýüregiňize berk düwen bolsaňyz, onda siz diňe şahsy baýlygyňyz we
pikirleriňiz bilen çäklendirilen dälsiňiz. Aslyýetinde Hudaý baýlygyňyz
bolany üçin, siziň çäklendirilmäňiz ýokdur. Ol şatlyk we höwes bilen „...
ähli hajatyňyzy Mesih Isadaky şöhratly baýlygy bilen doldurar“ (Filipililer
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
154
4:19).2 Siz Mukaddes Kitap ynamdarlygynda atalyk wezipäňiziň
hötdesinden gelmäni başardygyňyzça, Ol muny ýene-ýene we ýene eder.
DOGRY GATNAŞYK
„Ýüreginde näme bar bolsa, adamyň özüniň şol zatdygyny“ Hudaýyň
Sözi öwredýär. Siziň kelläňizdäki pikir ýa-ha umman tolkunlarynyň
ýüzünde yz galdyryp, özüne göwniýetijilik bilen barýan kuwwatly gämi
kimin öňe hereket etmäge, ýa-da her bir kynçylykda, öz gämiňizi gark
etme howpuny salýan duşmana seredip, ikirjiňlenmäge mejbur edýär.
Kelledäki pikir, seýrek gabat gelýän ýagdaýlaryň we atalyk borjumyzyň
ýolunda keserip durjak şahsy çäklendirilmeleriň hötdesinden gelmelisi
ýaly gelmek üçin örän wajyp zat bolup durýar.
Eger siz entek beýle etmedik bolsaňyz, onda häziriň özünde atalyk
borjuňyza Mukaddes Kitap hakykaty esasynda garama kararyna geliň.
Resul Pawlus: „Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady etmegi
başarýaryn“ (Filipililer 4:13) diýýär. Bu ýerdäki „her zady“ diýmeklik,
her hili kyn ýagdaýlarda Hudaýa ýaraýan mynasyp ata bolmaklygy hem
öz içine alýar.
Durmuşymyzyň hemme taraplarynyň özümizi söýýän Atamyza
äşgärdigi Mukaddes Kitapda aýdylýar. Ol biziň ýagdaýlarymyz barada
bilýär, şonuň üçin her bir ýagdaýy bizi berkitmekde ulanmak we her
birimiziň dolulygymyza „Rebbiň adamy“ bolmagymyz üçin gaýrat
bermek isleýär. Şonuň üçin nähili büdreme daşy, çäklendirmeler ýa-da
kynçylyklar peýda bolsa-da, olara ösmek üçin berlen mümkinçilik
hökmünde serediň. Meniň berk ynamym ine, şunda jemlenendir —
atalyk wezipesi Rebbiň adamy kämillige alyp barýan esasy ýollarynyň
biridir. Ynamly bolmak üçin munuň özü-de ýeterlidir.
Köplenç biziň kellämizdäki pikirimiz bolmalysy ýaly derejede oňat
bolmaýar, sebäbi biz ene-atalyk borçlary barada öz jogapkärçiligimiz, öz
endigimiz, öz bilimimiz hökmünde garaýarys. Öz durmuşymyzyň hemme
tarapyndaky Rebbiň borjuny gözden salýarys. Ýöne Onuň akyldarlygyna,
Onuň güýjüne, Onuň söýgüsine, Onuň sabyrlylygyna, Onuň
duýgudaşlygyna ýüzlenmek barada pikir edip başlanymyzda bolsa biziň
maksadymyz üýtgeýär. Hudaýyň göwnüne ýaraýan atalar bolmagymyz
üçin wajyp bolan endikleri we häsiýetleri diňe Onuň Ruhy döredip biler.
Biziň etmeli işimiz, her gün Onuň işjeň gatnaşygyny duýup we
mübärekläp, Onuň bilen atalyk tejribesiniň içinden bile geçmekdir.
Geliň, aşaky ýagdaýlarda aýdylan pikirlere seredeliň:
Rebbiň göwnüne ýaraýan ata
155
1. Meniň oňat pikirli gurluşym, ata hökmündäki täsirliligimi
güýçlendirýär.
2. Atalyk borjy — bu durmuşymdaky gowy ösüş üçin berlen
mümkiçilikdir.
3. Atalyk borjunyň kynçylyklary meni beýikliklere we Hudaýyň
tebigatynyň hakykatyna alyp barýar we öz durmuşymyň
baýlyklaryny açýar.
4. Bu Rebbiň göwnüne ýaraýan ata bolmak üçin berlen mümkiçilikdir!
ÝÜZE ÇYKAN KYNÇYLYKLARA SABYRLYLYK BILEN GARAŇ
Ata bolmaklyk diýseň agyr iş bolup biler. Munuň agyryly bolmagy hem
ahmaldyr. Ýöne atalyk borjunyň öňünde duran kynçylyklar we agyrylar
elhençliklerden gorkmak gerek däldir. Nähili kynçylyklara gabat geljegiňiziň, öz çagalygyňyzyň nähili bolandygynyň, nähili ejizlikleriňiziň
bardygynyň tapawudy ýok, siz Onuň keşbini — Atanyň keşbini —
özüňizde we özüňiz arkaly şöhlelendirmek üçin barybir Rebbiň ruhlandyryjy güýjüni alarsyňyz. Köp atalar diýseň dartgynly we çylşyrymly
ýagdaýlara ulaşýarlar welin, olar şu ýerde ara alyp maslahatlaşmaklyga
mynasyp bolýarlar. Öz eden saýlawyňyz sebäpli siziň kyn ýagdaýa
düşmegiňiz mümkin. Öz gözegçiligiňiziň çäklerinden çykýan ýagdaýlar
sebäpli siziň sussypes bolmagyňyz mümkin. Islendik ýagdaýda-da,
göwnejaý ata bolmak üçin, kynçylyklaryň ýüzüne dogruçyllyk bilen
seredip, wajyp bolan üýtgeşmeleri girizmelisiňiz.
ÖRÄN KÖP IŞLEÝÄN ATA
Biziň ata-babalarymyzyň döwründäki erkekleriň aglabasy fiziki zähmet
bilen meşgullanypdyrlar. Bu günlerdäki iş köplenç adama akyl we
duýgy talaplaryny bildirýär. Adamyň öňünde hemişe çäklendirilen wagt
çarçuwasy, hepdelik ýa-da aýlyk borçnamalary ýerine ýetirme wajyplygy
hem-de elektron dünýäsi we durmuşyň çalt akymly tizligi bilen
baglanyşykly bolan akyl tolgunmalary ör boýuna galyp durýar. Eger
siz atalaryň köpüsi ýaly bolsaňyz, onda şu günüň nähili geçendigi,
ertirki günüň nähili geçmelidigi barada pikirlenmegi dowam etdirip, iş
gününiň ahyrynda surnugyp öýe gelýänsiňiz. Biziň köpimiz hepdede
kyrk sagatdan gowurak işleýäris. Biz köp ýagdaýlarda ene-atalyk
borçlarymyzy ýerine ýetirmek üçin özümize çäklendirilen ätiýaçlyklary
goýýarys.
156
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Köpimiziň işiň daşyndan hem, maşgala niýetlän wagtymyzy bermegi
talap edýän başga gyzyklanmalarymyz bar. Sportuň dürli görnüşleri,
endikler, öýdäki işler, ýygnakdaky we ýerli bileleşikdäki işler, şeýle hem
beýleki işleriň toplumy biziň ünsümizi çekmekde biri-birleri bilen
bäsleşýärler.
Eger siz örän köp borçly ata bolsaňyz, onda kynçylyklaryňyz iki esse
köpeler. Ilki bilen özşahsyýetiňizewe ähmiýetlisaýýanzatlaryňyza
täzeden baha bermek wajypdyr. Belki, siz işli wagtyňyz özüňizi has
ähmiýetli ýa-da has goragly duýýansyňyz. Belki-de, siziň şeýle köp
borçlulygyňyzyň sebäbi, şunuň ýaly bolmagyny özüňiz isleýänsiňiz?
Durmuşyňyzda
(mesihilik
nukdaýnazaryndan)
nämäniň
has
ähmiýetlidigini kesgitlände siz ilkinji öwrenmeli zadyňyzyň sanawuny
nädogry düzensiňiz? Şu soraglara jogap bermäge synanyşanyňyzda, belli
bir oňaýsyzlygy duýmagyňyz mümkin. Olaryň siziň üçin howply bolmagyda mümkin. Emma bir zady bellemeklik has-da wajypdyr, bu soraglary
äsgermezlik etmegiň çagalaryňyz bilen özara gatnaşyklaryňyzda öwezini
dolup bolmajak ýitgä alyp barmagy mümkindir. Erkek adama öz
maşgalasynyň bähbidine garşy bolan gulluk derejesinde ýokary süýşme
teklip edilende, onuň ähmiýetli saýýan zatlary barlaga sezewar edilýär.
Reý şunuň ýaly adam bolupdy. Bir gezek ol maňa şeýle ýagdaý barada
gürrüň berdi:
Meniň işleýän kompaniýamyň wise-prezidenti meni ofise öz ýanyna
çagyryp, maňa täze wezipäniň teklip edilýändigini aýtdy. Bu biziň
maşgalamyzyň başga şähere göçmelidigini, mende goşmaça
borçlaryň peýda boljakdygyny aňladýardy. Ilki başda men begendim,
sebäbi hiç haçan täze mümkinçilikleriň öňünde durup bilmeýärdim.
Ýöne hemişe wajyp netijä geljek bolanymda edişim ýaly, bu
gezegem maslahat sorap Hudaýa ýüzlendim. Özümiň göz öňünde
tutulýan wezipäm barada Oňa gürrüň beremde, onuň öz maşgalama
gowy täsir etmejekdigini görmäge maňa kömek etdi. Özümiň iki
oglum bilen özara gatnaşyklarym şeýle bir ajaýyp welin, men olary
işden soňky ikinji ýere goýup bilmejekdigime düşündim.
Munuň ýaly mümkinçiligiň bolmazlygynyň mümkindigine
düşünendigim üçin, täze teklip edilen wezipeden boýun gaçyrmak
örän agyr boldy. Ýöne ýüregimiň jümmüşinde dogry edendigimi
bilýärdim.
Ine, bu Hudaýyň ýüregine ýaraýan adamdyr! Reýiň gelen netijesi
ähmiýetli zatlaryň sanawuny dogry düzendigini görkezýär. Ol onuň
Rebbiň göwnüne ýaraýan ata
157
miwesini şu wagta çenli-de ýygyp gelýär.
Işli atanyň öňünde peýda bolýan ikinji kynçylyk — bu çylşyrymly
ýagdaýlarda çykalga tapmagyň wajyplygy bolup durýandyr. Mysal üçin,
Neýl telekeçilik bilen gümra. Ol hemişe ştatlara gidip aýlanyp ýöremeli
bolýar. Ol iş hepdesiniň dowamynda, duşenbeden anna çenli, köplenç
öýde bolmaýar. Neýliň hepdesi şunuň ýaly geçen ýagdaýynda ol, şenbe
gününi dolulygyna maşgalasyna bagyş etmeklige çalyşýar. Şonda
kakalarynyň özlerine üns berjekdigini bilýän çagalar, şol güne sabyrsyzlyk
bilen garaşýar. Köplenç işli bolýan akylly ata, hatda azajyk wagtyny hem
ýerlikli ulanmagyň tärini gözleýär. Gyzyňyz bilen eden ýigrimi minutlyk
gezelenjiňiz, eger siz bu wagtyň dowamynda bar ünsüňizi oňa berseňiz,
örän köp zady amala aşyrmaga kömek eder. Ogluňyz bilen agşamlyk
naharynyň öň ýanynda öýüň gapdalynda başa-baş oýnan ýigrimi minutlyk
basketbol oýnuňyz, siziň özara gatnaşyklaryňyza bolşy ýaly, ýüregiňizede örän gowy täsirini ýetirer. Bütin maşgalanyň arasynda — işläp duran
telewizoruň, öçürilen telefonuň ýanynda — edinilýän agamlyk nahary,
maşgalanyň her bir agzasyna ýyly, şatlykly gatnaşyklary saklamak üçin
ajaýyp mümkinçiligi berýär.
Munuň goşmaça tagallalary ýa-da ähmiýetli zatlaryň sanawuny
başgaça düzmegi ynan etmegi mümkindir. Ýöne iň işli ata-da Rebbiň
göwnüne ýaraýan ata bolup biler.
AÝRYLYŞAN ATA
Siziň atalyk wezipäňize aýrylyşmanyň sebäp bolan bolmagy-da ahmal.
Aýrylyşmaklyk ata bilen çaganyň arasyndaky özara gatnaşyklary
ejizledýär — käwagt bolsa asla ýok edýär. Çaga köp ýagdaýlarda ene
bilen galýar. Eger aýrylyşan enäniň çaganyň atasyna ajy ýa-da gaharly
duýgulary bar bolsa, onda ata bilen çaganyň özara gatnaşyklary has-da
kynlaşýar. Çagalary bilen örän seýrek gatnaşyk saklaýandygy üçin köp
atalara olary kadaly gatnaşyklar bilen üpjün etmek kyn bolýar.
Aýrylyşan ejelere we kakalara örän wajyp duýduryş berýärin: çagalaryňyzy hiç haçan öz kynçylyklaryňyzyň merkezinde goýmaň. Eger eneatalaryň biri beýlekisine ýigrenjini bildirse, onda çaga-da edil şonuň ýaly
duýgyny başdan geçirer.
Maşgala we nika meseleleri boýunça maslahatçy bolan dostum Dik
Deý bir gezek öz ýanyna adamsy bilen aýrylyşan bir aýalyň on üç ýaşly
gyzy babatda maslahatlaşmaga gelendigini maňa gürrüň berdi. Ejesi
entek şol gyzda göwrelikä, ata bu maşgalany taşlap gidýär. Indi gyzy
hem kakasyna bolan edil şonuň ýaly duýgulary başdan geçirýärdi. Dik
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
158
eneden, on üç ýylyň dowamynda kakasynyň gyzy bilen näçeräk wagtyny
geçirendigini sorapdyr. Ene takmynan sanaýar, bu hem iki aýa golaý
wagt bolup çykýar. Dik derrew oňa: „Gyzyň kakasyna bolan duýgulary,
olaryň iki aýlyk gatnaşyklarynyň dowamynda ösüp bilmez. Kakasyna
bolan şeýle gatnaşyklar onuň öz tejribesinden däl-de, siziň gatnaşyklaryňyzdan syzylyp çykýar diýip, men pikir edýärin“ — diýipdir.
Aýal hemme zady ölçerip-dökmek üçin öýüne gidýär, bir hepde
geçenden soň bolsa ýene dolanyp gelýär. Ol Dike: „Siz mamla. Men
çeken hupbatlarymy we ýigrenjimi gyzyma geçirýärdim. Bu bolsa oňa
erbet täsir etdi. Men onuň kakasy barada gowurak seslenip başlamaly“
— diýipdir.
Men kynçylyklaryň hötdesinden gelip, synaglary ýeňip geçen we
çagalaryna oňat täsir etmegini dowam etdiren aýrylyşan atalaryň köpüsini tanaýaryn. Munuň ýaly atalar biziň Atamyzyň akyldarlygyna we ýiti
paýhasyna laýyklykda pikir edýärler hem-de hereket edýärler.
Aýrylyşan atalaryň paýhaslylary hemme zady oýlanyşykly,
döredijiliklimeýilleşdirýärler. Reks şunuň ýaly adamlaryň biridi. Aýaly
bilen aýrylyşan wagty onuň iki gyzy bardy. Olaryň biri on bir beýlekisi
on üç ýaşyndady. Özüniň gaýgy-gussasynyň hötdesinden gelmeli
bolandygyna seretmezden, Reks gyzlaryna öz söýgüsini we wepalylygyny — üýtgeşik bir zady däl, adaty atalyk söýgüsini — hemişe hem
gyşarnyksyz görkezdi. Şenbe günlerinde gyzlary öz ýanyna gelenlerinde,
ol gyzlary bilen bile işläp ýa-da olara ýaraýan zatlary bileje edip, wagtyny
olar bien bile geçiripdir. Wagtyň geçmegi bilen Reksiň öňki aýaly
çagalarynyň aladasyny bolmalysy ýaly edip bilmejegine düşünýär. Şeýdip
olar täzeden öýlenen Reksiň ýanyna ýaşamaga göçüp barýarlar. Bu günki
günde gyzlaryň ikisem, kynçylykla"ra ten bermedik kakasynyň arkasyndan has durnukly durmuşda ýaşaýar.
Eger özleri sagdyn, doly durmuşda ýaşaýan bolsa, aýrylyşan atalar
hem çagalaryny gowy derejede terbiýeläp bilerler. Erkek adamyň
durmuşynda boşluk, gussa, we ýigrenç bar bolsa, olar hökman daşary
atylyp çykar-da, ýanyndakylary zäherlär. Berk maksady bolan adam
bolsa goldaw toparlarynda ýakyn dostluk tapar hem-de öz güýjüni
başgalara kömek etmekde jemlär. Şeýdibem, çagalary üçin öýküner ýaly
gowy mysal bolar.
ÖWEÝ ATA
Soňky birnäçe ýylyň dowamynda ikinji gezek nikalaşmaklyk, „garyşyk“
maşgala gadam basmaklyk has-da artdy. ABŞ-da hasaba alynýan
Rebbiň göwnüne ýaraýan ata
159
nikalaşmalaryň 40%-den gowuragy ene-atalaryň biriniň ýa-da ikisiniň
hem gaýtadan nikalaşmasyny öz içine alýar. Her üç amerikalynyň biri
— altmyş million ulular, ýigrimi million çagalar3 — öweý ata ýa-da
öweý ene, öweý ogul ýa-da öweý gyz, ýa-da öweý doganly bolup
durýarlar. On sekiz ýaşa çenli ýaş aralygynda bolan her bäş çaganyň biri
öweý ogul ýa-da öweý gyzdyr.4 Iki müňünji ýyla çenli, ene-atalaryň
biriniň öz çagasy bolan, şeýle hem, är-aýalyň ikisiniňem çagalary bolan
garyşyk maşgalalaryň sany gözgörtele kopeldi.5
Ata bolmak kyn zat, ýöne öweý ata bolmak ondanam kyndyr. Siziň
ogullyga alan çagaňyzyň, öz ejesiniň hususy zady hasaplaýan ýeriniň
eýelenendigi sebäpli sizi ýigrenmegi mümkindir. Çaganyň sizi öz ejesiniň
ünsüne we ysnyşyklygyna dalaş edýän garşydaş hökmünde kabul etmegi
mümkindir. Siziň öz durmuşyna ýolbaşçylyk etmek üçin eden tagallalaryňyzy ol ret eder. Olar özleriniň hakyky atasy däldigiňiz sebäpli,
özlerine nähili kanuny hukugyňyzyň bardygy bilen gyzyklanar. Hatda siz
çaga ýaraýan ýagdaýyňyzda-da, onuň öwrülişikli ýagdaýda bolmagy
mümkin, çaga size ysnyşyklylyk ýa-da dostlugyny bildirse, göwnüne öz
kakasyna dönüklik eden ýaly bolar durar.
Öweý ata bilen öweý ogluň arasynda gowy, dostlukly gatnaşyklary
dikeltmek, bir günde bolýan iş däldir. Ýöne „ikinji dem alşy“ açylýan
öweý atanyň, çagany terbiýelemekden şatlyk tapýandygyny men gördüm.
Şeýle hem, men öweý ata bilen öweý ogluň arasyndaky ýyly we dowamly
bolan gatnaşyklary-da gördüm. Eger siz öweý ata bolsaňyz, siziň üçin
peýdaly bolup biljek birnäçe ugurlary şekillendirmek isleýärin.
Ýatda saklaň, maşgala girmeklik az wagty alýan däldir. Çaga
duýgularyny tertibe salmaga we siziň bilen özara gatnaşyklar üçin açyk
bolmaga wagt gerekdir. Eger siz gatnaşyklar meselesinde örän tiz öňe
gitseňiz ýa-da çaganyň üstünden güýçli häkimlik sürjek bolsaňyz, onda
çaga sizden daşlaşar. Çaga özüňizi ýakyndan tanamaga, ynamdar
gatnaşyklary gurmaga, özüni alada goýýan duýgularyň hötdesinden gelmäge wagt beriň.
Garyşyk maşgalalaryň köpüsinde ýagdaýlar aşaky ýaly bolup biler:
1. Çaganyň ilkibaşdaky makullamasy: „Ol maňa ýaraýar. Oňa
durmuşa çykyber“. Çagalaryň, ejesini bagtly edip biljek hemme
zady gowy hasaplama pikiriniň bolmagy mümkin.
2. Çaga üçin „bal aýynyň“ soňy: „Sen maňa ýaraňok! Sen meniň
kakam däl! Men seniň aýdan zadyňy etjekdäl
etjekdäl“.
“. Bu döwürde
aljyraňňylyga düşmezlik, sustupes bolmazlyk örän wajypdyr.
Ýatda saklaň, çaganyň içinde her dürli duýgularyň möwç urmagy
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
160
mümkin. Olara akyl ýetirmek hatda onuň özüne-de kyn bolýar.
Siz onuň öz kakasy tarapyndan getirilen gaharynyň gönügen
obýekti bolup hem bilersiňiz. Ýa-da onuň siziň özi barada
dogrudanam alada edýändigiňizi, oňa biperwaý däldigiňizi synap
görmegi-de mümkindir. Ahyrsoňunda,
Ahyrsoňu
siziň
iň rehimdarlygyňyz,
sabyrlylygyňyz, açyklygyňyz hökman ýeňer.
3. Çaganyň barlagdan geçen we ynamdar esasdaky ysnyşyklylygy.
Özüni şahsyýet hökmünde kabul edýändigiňizi, näme edendigine,
kimiň çagasydygyna seretmezden söýýändigiňizi çaga bilýär.
Üçünji, jemleýji tapgyryň birnäçe hepdä ýa-da aýa çenli dowam etmegi
mümkin. Aýratyn ýagdaýlarda bu ýyllara-da çekip biler. Ýöne atalyk
sylaglary, edil hakyky ata bolşy ýaly, Hudaýyň göwnüne ýaraýan öweý
atalara-da garaşýandyr.
KÄMIL BOLMADYK ATA
Muny boýun almak aňsat zat bolmasa-da, biiziň hemmämizem şu topara
degişlidiris. Biziň her birimizem atalyk wezipesine haýsydyr bir ýetmezçilik bilen girişýäris. Ýöne, bizi Hudaýyň göwnüne ýaraýan ata etmek
üçin Reb kämilsizligimizi, talaba laýyk gelmezligimizi, çäklendirmelerimizi
ýeňip, hatda ulanyp hem bilýär.
Käbir atalaryň şahsy çäklendirmeleri bar. Bu bolsa ata hökmünde
olaryň täsirliligini peseldýär. Mysal üçin, El hemişe özünde kök urup
giden gaharyny basýardy. Ol gahar sözüň ýa-da hereketiň üsti bilen ýüze
çykyp durýardy. Karl özüniň ýeňlenini syzýar, sebäbi hiç kime „ýok“
diýip bilmeýärdi, şeýdibem başgalaryň islegini berjäý etjek bolup,
maşgalasyny ikinji ýerde goýýardy. Ol özüni günäli saýmakdan ejir
çekýärdi. Pol deň-duşlarynyň arasynda günä ýassygy ýaly bolup ulalypdy
we batyrrak bolup bilmeýändigine hemişe utanýardy.
Başga käbir erkek adamlaryň endiginde çäklendirilmesi bar. Olar
nädip gowy ata bolmalydygyny dogry bilmeýärler. Mark meşhur alym.
Ol deň-duşlarynyň arasynda uly hormatdan peýdalanýar. Emma onuň
bilen çagalary hakda gürrüň etseň, ýüzüne derrew gussa çaýylan ýaly
bolar. „Men muny başaramok öýdýän, näme etjegimem bilemok“ —
diýip, uludan demini alýar.
Meniň köp ýyllaryň dowamynda geçiren ene-atalar üçin seminarlarymyň köpüsinde, köplenç şol bir arzy eşidýärin: „Men bu zatlaryň
hemmesi barada entek çagalarymyz kiçijikkä bilen bolsadym. Men näçe
samsyk işleri etdim“.
Rebbiň göwnüne ýaraýan ata
161
Köp erkek adamlaryň atalyk endiginiň ýetmezçiligini duýmagynyň
sebäbi, olarda öýküner ýaly oňat nusgasynyň bolmandygyndadyr. Köp
erkek adamlar atasyz ulalýarlar. Beýleki birleri öýde atanyň ýa-ha örän
işlidigi, ýa-da başga bir güýmenjesiniň bardygy, ýa-da äsgermezlik
edendigi sebäpli köplenç ýok bolan maşgalasynda ösüp-ulalýarlar.
Biziň belli bir şahsy bolmadyk jemgyýetimiz bolsa, çagalaryň öýden
daşarda öýküner ýaly nusgany, uly erkek adamy tapma mümkinçiligini
güýçli peseldýär. Köp atalar, gowy ata bolmagyň nämedigini hiç
haçanam görmeýärlder. Men bu kitabyň olara kömek etmegi üçin doga
edýärin.
ÇÄKLENDIRMELER — BU ÖSÜŞ ÜÇIN MÜMKINÇILIKDIR
Geliň, öz öňümizde dogruçyl bolalyň: biziň hemmämizde-de şahsy çäklendirmelerimiz bar. Mesihilik durmuşy ýuwaş-ýuwaş ösýän ösüş bolup
durýar. Reb biziň her birimizi, özümizi gul eden günälerden we samsyk
endiklerden azat bolmagyň täze ýollaryny tapmaga çagyrýar, sebäbi olar
bizi şatlykdan, durmuşyň dolulygyndan mahrum edýär. Eger biz öz
öňümizde dogruçyl bolsak, onda ejizliklerimiziň, şowsuzlyklarymyzyň
atalyk
wezipämizi
ýerine
ýetirenimizde,
şahsy
ösüşimiziň
mümkinçiliklerine baha bermäge çagyrýandygyny boýun almalydyrys.
Biz olary ýa-ha kabul etmeris ýa-da olarda Hudaýyň göwnüne ýaraýan
ata we ýanýoldaş bolmaga çagyryşy göreris.
Durmuşyň bizi söýýän Atamyzyň beren üýtgeşik sylagydygyna men
yananýaryn. Isa Mesih arkaly beýan edilen satyn alma bolsa, Onuň biziň
içimizdäki üýtgeşmeleri gazanmak isleýändiginiň aýdyň görkezilmesidir.
Onuň resurslary mydama taýýar durandyr. Onuň bizden isleýän bar
zady, bu, bizi soýmäge, gönükdirmäge, gurplandyrmaga, azat etmäge
we ak pata bermäge Özünde mümkinçiligi bolar ýaly, Öz ýanyna çagyranda, jogap bermegimizdir. Atalyk borçlary hem, çözgüdine biziň bilen
bile Ol hem gatnaşyp bilýän tejribe meseleleriniň biri bolup durýandyr.
Sizde diňe özüňize mahsus bolan güýçli we güýçsiz taraplary bolan
şahsy ýagdaýlar toplumyňyz bar. Goý, atalyk siziň üçin durmuşy ýagdaý
bolsun. Siz şol ýagdaýlaryň içinde, Rebbiň sizi çagyryşy ýaly, özüňizi
Hudaýyň adamy bolmaga bagyşlap bilersiňiz. Şonda diňe bir öz
durmuşyňyz doly bolman, eýsem, ogullaryňyza we gyzlaryňyza ilki başdaky godrulyk teşneligini berip bilersiňiz. Bu hem gürrüňsiz, siziň olara
edip biljek uly sowgatlaryňyzyň iň gowusy bolar.
Siziň bu barada bilýändigiňizi ýa-da bilmeýändigiňizi men bilemok
welin, ýöne eger siz „Ruhdan doglan bolsaňyz“ (Ýahýa 3:8; 2 Selanikliler
162
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
2:13) meniň şu kitapda gürrüňini eden on häsiýetim, sizde eýýäm bar.
Dogalaryň kömegi bilen, Mesihde bu häsiýetleriň her biri çagalarymyz
bilen gatnaşyklarymyzda amala aşar we öser. Oňa her gün daýanmak
we bil baglamak bilen siz biziň göklerdäki Atamyz ýaly ata bolup
bilersiňiz.
OÝLANÝARYS,
ARA ALYP MASLAHATLAŞÝARYS
WE HEREKET EDÝÄRIS
1. Çagalaryňyz bilen baglanyşykly bolan atalyk kynçylyklaryňyza özüňiziň
umumy garaýşyňyza baha beriň. Şol garaýyş erbetmi, oňatmy ýa-da
nirededir bir ýerde ikisiniň arasyndamy? Öz jogabyňyzyň sebäbini
düşündiriň.
2. Aýalyňyz çagalaryňyzyň terbiýesi bilen baglanyşykly bolan siziň
atalyk meselelerine garaýşyňyzy nähili kabul edýär? Öz jogabyňyzy
düşündiriň.
3. Aşaky jümläni ýazyň we dowamyny ýada düşüriň: „Öz çagalarym üçin
söýýän we aladaçyl ata bolmak — meniň üçin diýseň gowy, sebäbi...“
4.* Bu bapda gürrüňi edilen haýsy iki esasy pikiri siz özüňiz üçin alýarsyňyz?
Olaryň näme üçin siziň ünsüňizi çekendigini we olary durmuşa ornaşdyrmak üçin nähili hereketleri etmegi niýet edinýändigiňizi düşündiriň.
5.* Bir parahat ýer tapyň-da, aşaky jümläni ýazyp gutarmaga on ýada on bäş minut wagtyňyzy bagyş ediň: „Bu kitaby okamagymyň,
oýlanmagymyň we ara alyp maslahatlaşmagymyň netijesinde men...
etmegi niýet edinýärin“. Mümkin boldugyça takyk we jikme-jik
jogap beriň. Soň ýazan zadyňyzy, toparyňyzyň beýleki agzalary bilen
paýlaşyň. Ýazan zadyňyzy hemmäňiz okap bolanyňyzdan soň, gelen
netijäňizi amala aşyrmagyny sorap, dogada birleşiň. Eger siz kitaby
toparda öwrenmeýän bolsaňyz, onda ýazan zadyňyzy aýalyňyz ýa-da
ynam edýän dostuňyz bilen paýlaşyň.
6. Şu kitapda gürrüňi edilen on häsiýetiň haýsysy siziň durmuşyňyzda
iň güýçli bolup durýar? Olaryň haýsysy ösdürilmegine mätäç? Her bir
häsiýeti ösdürmek üçin Rebbiň özüňize güýç bermegini dogada soraň.
GOŞUNDY
ATA ÖZ ÇAGALARY
BILEN NÄME IŞLER
EDIP BILER.
Çagalaryňyzyň her biri üçin „kakasy bilen duşuşygy“ her üç aýdan bir
gezek guraň.
Ýekşenbe günleriniň ikinji ýarymynda, stoluň üstünde oýnalýan oýunlaryň
„maşgala marafonuny“ geçiriň.
Roždestwo baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde, baýramçylyk
bezeglerine we çyralaryna tomaşa etmek üçin şäheriň töwereklerine
gezelenç ediň.
Öýüň işleri ýa-da maşyn abatlamasy bilen bilelikde meşgullanyň.
Çagalaryň ejesi üçin aýratyn ertirlik, günortanlyk ýa-da agşamlyk
naharyny taýýarlaň. Goý, çagalar naharyň sanawuny düzsün we ofisiant
hökmünde hyzmat etsin. (Nahardan soň stoluň üstüni ýygnaşdyrmagy
ýatdan çykarmaň!)
Öýden daşarda, kafede, ertirlik naharyny ediniň, Goý, çagaňyzyň siziň
üçin nahary özi buýursyn.
Bilelikde model ýasaň...goý, çagaňyz işiň köp bölegini etsin.
Tebigata gezelenç guraň.
Bir gije ýatymlyk ýa-da bütin dynç günleri palatkaly (çadyrly) dynç
almany guraň.
Ata öz çagalary bilen näme işler edip biler.
165
Çagalaryňyzyň dostlaryna hödür-kerem etmek üçin, şokolad ownujaklary
sepilen kökäniň köp mukdaryny taýýarlaň.
Iki sany ýönekeýräk surat apparatyny köp sanly plenkadan dolduryň.
Gezelençlerde, haýwanat bagynda, öýde we ş.m. ýerlerde bileje surata
düşüň. Şowly çykan suratlary saýlap alyň-da, surat albomyny ediň.
Mukaddes Kitapdan esasy aýatlary saýlap alyň-da, olaryň özüňiz üçin
näme aňladýandygyny gürrüň berip, olary bileje ýat tutuň. Her gezek
ikiňizem täze on aýady sözme-söz ýat tutanyňyzda, biri-biriňizi
doňdurma bilen sylaglaň.
Öz çagalaryňyz bilen kroket ýa-da badminton boýunça ýaryş guraň.
Bileje wideooýun oýnaň.
Kompýuterde bileje işläň.
Çagaňyzyň gatnaşýan sport ýaryşlaryna ýa-da oýunlaryna baryň. Ony
goldaň we öwüň (özüňizi lapykeç türgen ýaly alyp barmaň).
Çagaňyzdan: „Men bu hepdede seniň üçin doga etmek isleýärin. Seniň
kelläňde näme pikir bar — sen meniň näme hakdaky dogalarymy
eşitmek isleýärsiň?“ — diýip soraň.
Taslamasyny taýýarlaň-da, bagda gül nahaljyklaryny oturdyň.
Bir sebede ter miweleri, çörek, köke, konserwlenen önümleri salyň-da,
mätäçlik çekýän maşgalanyň ýaşaýan öýüniň bosagasynda goýuň.
Çaga: „Şu günki bolan zatlaryň haýsysy iň gowy zat?“ — diýip sorag
beriň.
Çagalaryňyzdan özüňiz üçin doga etmegini haýyş ediň.
Çagalaryň ejesi ýa-da baba-mamasy üçin „bu seniň durmuşyň“ diýen
sowgatly oýny çagalar bilen bilelikde guraň.
Özleriniň ejelerini näme üçin söýýändigiňizi çagalara düşündiriň. Ony
näme üçin söýýändiklerini gürrüň bermegini olardan haýyş ediň. Soň
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
166
uly watman kagyzyny tapyň-da, çagalary bir ýere ýygnaň. Goý, olar
özleriniň söýgüsi baradaky aýdanlaryny açyk reňkli flamaster bilen
ýazsynlar welin, netijede ullakan gutlag otkrytkasy emele gelsin. Goý,
çagalar ony bezäp, ejelerine sowgat etsinler.
Ýene-de bir ýa-da iki maşgala bilen birleşiň-de, zehinler agşamyny guraň.
Bu agşama hemmelerem gatnaşmalydyr. Bu wakany ýadygärlik üçin
surata düşürer ýaly, wideokamerany prokata alyň.
Agşamlyk naharynyň başynda, öz durmuşynyň iň ýakymsyz pursaty
barada gürrüň bermegini çagalardan haýyş ediň.
8x13 ölçegdäki kartoçkalary taýýarlaň-da, her çaga üçin ýasama kupon
kitapçasy emele geler ýaly, olaryň hemmesini jemläp birikdiriň. Her
bir kupon olara kakasy bilen bir gezek bir ýere gitmäge, mysal
üçin, doňdurma almaga ýa-da beýsbol, kegelban ýa-da tigirçekli
konkilerde typyp oýnamaga, ýa-da çagalaryň islegi boýunça bir oýna,
bolmasa-da, pissahana we ş.m. gitmäge hukuk berýär.Teklip edilýän
düzgünnama: çäklendirme giriziň — bir çaga bir aýda bir kupon
bolmalydyr.
Mukaddes Kitabyň kitaplarynyň birini bilelikde okaň we okap barýarkaňyz
ol kitaby düşündiriň.
Ýerli ýa-da şäher muzeýine baryň.
Çagalar bilen bilelikde olaryň ejeleri üçin, hemmäňize ýaraýan atyry
saýlaň.
Alma ýa-da ülje bagyny tapyň-da, çagalar bilen bile miwe ýygma gününi
guraň.
Çagalar hem özüňiz üçin egin-eşik satyn almaga dükanlara gitmegi guraň.
Öz şäheriňizde açyk howada konsert geçirilýärmikä, şuny biliň. Bu zatlaryň
hemmesinden tebigata gezelenç ýa-da ajaýyp agşamlyk guraň.
Kitaphanalara gezelençleri guraň. Çagalaryň her biri üçin abonement
kagyzjygyny ýazyň-da, olara gowy kitaplaryň dünýäsini tanamaga
kömek ediň.
Ata öz çagalary bilen näme işler edip biler.
167
Aerobika boýunça programmasy bolan wideokassetany satyn alyň ýa-da
prokatyna alyň-da, çagalar bilen bilelikde meşgullanyň.
Ýerli kollejlerde ýa-da uniwersitetlerde guralýan spektakllara ýa-da
konsertlere baryň.
Welosipedde bilelikdäki maşgala ýörişini guraň
Batböregi bile bejermäge ýa-da goýbermäge synanyşyň.
Golaýragyňyzda bar bolan gurluşyga gezelenç ediň we ýuwaş-ýuwaşdan
binanyň, jaýyň ýa-da ýoluň emele gelşini belläp, onuň gidişini synlaň.
Eger çagalaryňyzyň mamalary-babalary bar bolsa, onda ýörite taýýarlanan
gutlag otkrytkalary, siziň we çagalaryňyzyň taýýarlan sowgatlaryňyz
bilen „Mamalar bilen babalar gününi“ guraň. Soň edil şunuň ýaly
baýramçylygy ejeler, soň goňşular ýa-da dostlar, ruhy çopanlar we
ş.m. üçin guraň.
Çagalar bilen bile mozaika ýygnamaga synanyşyň.
Agşamlyk naharyndan soň, haýsy-da bolsa bir oýny oýnaň we aşhanany
ýygnaşdyrmaga kömek ediň; oýunda ýeňiji bolan etmeli işini saýlaýar.
Poluň üstünde ornaşyp oturyň-da, çagaňyz bilen onuň gowy görýän
gepleşigine bile serediň.
Çagalary ýanyňyz bilen baga alyp gidiň-de, ejeleri ýa-da ýakynlaryňyzdan
ýene kimdir biri üçin çemen baglaň.
Gyzyňyz üçin çemeni özüňiz boguň.
Kitaplar üçin taýajygy ýa-da asma sabyn gutujygyny ogluňyz bilen bile
ýasaň.
Şemli agşamlyklary guraň. Ähli elektrik çyralaryny öçüriň, peje ot ýakyň,
patrak bilen üpjün ediň. Şonda goý, her kim özüniň gowy görýän
taryhyny gürrüň bersin.
Durmuşyňyzda uly ähmiýeti bolan adamlar üçin çagalaryňyz bilen bile
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
168
doga ediň.
Öňünden jaňlaşyp, soň ýerli ýangyna garşy stansiýa gezelenç ediň.
Bilelikde howa köpürjiklerini uçuryň.
Roždestwoda, Pesahda, Garaşsyzlyk Gününde, çagalar baýramçylygyň
manysyna düşüner ýaly, bile kiçijik öý spektaklyny guraň.
Çagalaryňyz on iki ýaşyna ýetende, olaryň her birine, „aýratyn
gatnaşyklara“ hukuk berýän elli iki sahypa kagyzy bolan guty ýa-da
banka sowgat ediň. Çagaňyz hepdede bir sahypany alyp biler. Kagyzyň
ýüzüne aňsat we kyn wadalary we rugsat berilýän zatlary ýazyň
(Mysal üçin, „Şu hepdede sen adatdakysyndan bir sagat giç ýatyp
bilersiň“. „Öz dostuňy (joraňy) bizde ýatyp gitmäge çagyr“. „Kakaň
bilen doňdurma kafesine git“).
Ýygnak ýa-da durmuşy taslamalaryň üstünde bile işläň. Öýsüz-öwzarsyzlar
saklanylýan öýlere iýmit paýlaň ýa-da ýygnanyşyk keselhanasynda
meýletin kömek ediň we ş.m.
Haýsydyr bir kursa: suratçylyk, agaç bejermek işi boýunça, başlangyç
awtoiş, jaý abatlamasy ýaly kurslara bile ýazylyň.
Ýygnagyňyzdaky imanyndan dänen adamlara hat ýazyň ýa-da güjüjegiňizi
alyp, syrkawlar gowy görüp sypalar ýaly, ýerli keselhanalara baryň.
K.S. Lýuisiň „Narniniň habarlaryny“ bile okap başlaň.
Mekdebiň öňünde garşy almak, kino, tebigata gezelenje, pissahana alyp
gitmek bilen çagaňyza garaşylmadyk sowgat taýýarlaň.
Çagaňyz bilen onuň mekdebinde günortanlyk naharyny guraň.
„Gizlenilen agşamlyk nahary“-ny meýilleşdiriň. Tiz taýýarlanylýan naharlaryň dürli görnüşlerini öýüň dürli ýerinde gizläň. Soň birinji naharyň
nirede gizlenendigini kakdyryp aýdyň (ikinji naharyň gizlenen ýeri
birinjiniňki bilen bile tapylar). Tapylan naharlary bile taýýarlaň.
Maşgalaňyzyň her bir agzasy üçin „hormatlama“ agşamyny guraň. Şol
Ata öz çagalary bilen näme işler edip biler.
169
adamyň gowy görýän naharyny bişiriň.. Onuň özi üçin stoluň başynda
aýratyn hormatly ýer ýasaň. Ýörite tablisajyk ýasaň, goý maşgalaňyzyň
her bir agzasy: „...-da maňa ...has gowy ýaraýar“ — diýip, öz pikirini
beýan etsin.
Aýda bir gezek resmi agşamlyk naharyny meýilleşdiriň. Her biriňiz
bolmalysy ýaly geýinýär, stoluň üsti gymmat farfor bilen bezelýär we
ş.m. Bu mümkinçiligi edep düzgünlerini öwretmekde ulanyň.
BELLIKLER
1-NJI BAP
1. Compiled from figures published by the Children’s Defense Fund and the book,
13th Generation
Generation,, by Neil Howe and Bill Strauss, and a Fortune Magazine
special report, „Children in Crisis: The Struggle for America’s Kids“, 10 August
1992.
2. Lois O. Caldwell, WhenParentsBecomeParents (Grand Rapids, Mich.: Barker
Book House, n.d.).
3. Claudia Wallis, „Stress: Can We Hope?“ Time (June 5, 1983): 48-54.
4. Kathleen Fure, „Sex and the American Teenager,“ Ladies‘ Home Journal
(March 1986): 60.
5. Armand Nicholi Jr., „Changes in the American Family,“ WhiteHousePaper
(October 25, 1984): 7-8.
6. Josh McDowell and Bob Hostetler, RightfromWrong (Dallas: Word Publishing,
1994), 255.
3-NJI BAP
1. Dan Benson, TheTotalMan (Wheaton, III.: Tyndale House Publishers, 1977),
26.
4-NJI BAP
1. Jerry Adler, „Building a Better Dad,“ Newsweek (June 17, 1996): 61.
2. Kathleen Fury, „Sex and the American Teenager,“ Ladies‘ Home Journal
(March 1986): 60.
3. Marilyn Elias, „Parents‘ Divorce Affects Sex Lives of Collegians,“ USA Today
(November 8, 1989): 1D.
4. Christopher P. Anderson, Father
Father:: TheFigureandtheForce (New York: Warner
Books, 1983), 86-87.
5. Frank Martin, TheKidFriendlyDad (Downers Grove, III.: Inter Varsity Press,
1994), 85.
6. Leslie Jane Nonkin, I Wish My Parents Understood (New York: Penguin
Books, 1982), appendix 2, 58.
Bellikler
171
7. Reginald W. Bibby and Donald C. Posterski, TheEmergingGeneration–An
InsideLookatCanada’sTeenagers (Toronto: Irwin Publishing, 1985), 39.
8. Stward Powell, „What Entertainers are Doing to Our Kids,“ USNewsand
WorldReport (October 28, 1985): 46.
9. Carol Towarnicky „Positive images need to combat teenage pregnacy,“ Houston
Chronicle (January 12, 1986): 17-18.
10. As quoted in WhyWait
WhyWait?? By Jos McDowell and Dick Day (San Bernardino,
Calif.: Here’s Life Publishers, 1987), 45.
11. Thomas L. Trevethan, TheBeautyofGod’sHoliness (Downers Grove, III.:
Inter Varsity Press, 1995), 13.
12. Josh McDowell and Dick Day, HowtoBeaHerotoYourKids (Dallas: Word
Books, 1991), 132.
5-NJI BAP
1. „Top High School Student Admit They Have Cheated,“ Associated Press story
appearing in the HamiltonJournalNews (October 20, 1993).
2. George Barna, The Invisible Generation (Glendale, Calif.: Barna Research
Group, 1992), 81.
3. See 1 Thessalonians. 4:11-12.
4. Dennis Rainey, PullingWeeds,PlantingSeeds (san Bernardino, Calif.: Here’s
Life Publisher, 1989), 29-30.
5. Psalm 23:3.
6-NJY BAP
1. James L. Schaller, The Search for Lost Fathering (Grand Rapids, Mich.:
Fleming H. Revell, 1995), 142-143. (NOTE: Gordon MacDonald, in his book,
TheEffectiveFather,, attributes this story to the life of James Boswell, the
TheEffectiveFather
famous biographer of Samuel Johnson, whose father was a distinguished judge).
2. Two new resources can be helpful for a father who wishes to clearly define his
promises to his children: TellMethePromises
TellMethePromises,, Joni Erickson Tada and Ron
DiCianni (Weaton, Ill.: Crossway Books, 1996), A Father’s Covenant (173
PromisesforConsiderationandReflection),
PromisesforConsiderationandReflection
), Stephen Gabriel ((San Francisco:
Harper San Francisco, 1996).
7-NJI BAP
1. Dr. David Ferguson and Dr. Don McMinn, Top10IntimacyNeeds (austin,
Tex.: Intimacy Press, 1994), 52-53.
2. See Phillip Keller’s classic, AShepherdLooksatPsalm23 for futher description
of the shepherd’s rod and staff (Grand Rapids, Mich.: Zondervan Publishing
House, 1970).
3. Dan Benson, TheTotalMan (Wheaton, Ill.: Tyndale House Publishers, 1977), 183.
8-NJI BAP
1. Cited in „The Facts About Teen Suicide,“ by David Elkind, Parents‘Magazine
65, no. 1 (January 1990): 111.
2. The24thAnnualSurveyofHighAchievers by Who’s Who Among American
High School Students, cited in „Top High School Students Admit They Have
172
ATA BILEN ÖZARA GATNAŞYK
Cheated,“ HamiltonJournalNews
HamiltonJournalNews,, ((October 20, 1993).
3. Nadine Brozan, „New Look at Fears of Children,“ NewYorkTimes (May 2,
1983): B5.
4. Ephesians 4:15.
9-NJY BAP
1. Jerry Adler, „Building a Better Dad,“ Newsweek (June 17, 1996): 60.
2. Genesis 17:4-5; Romans 4:17-18.
10-NJI BAP
1. Genesis 2:17
2. McDowell and Day, HowtoBeaHerotoYourKids
HowtoBeaHerotoYourKids,, 29.
3. John Redmond, „Successful Discipline,“ BetterHomesandGardens 72, no 4
(April 1994): 32.
4. Ibid.
5. McDowell and Day, HowtoBeaHerotoYourKids
HowtoBeaHerotoYourKids,, 199-200.
6. Ibid., 201.
7. Proverbs 3:12a.
11-NJI BAP
1. Allen C. Guelzo, „Fear of Forgiving,“ ChristianityToday 37, no. 2 (February
8, 1993): 42.
2. McDowell and Day, HowtoBeaHerotoYourKids
HowtoBeaHerotoYourKids,, 204.
12-NJI BAP
1. Ephesians 2:10.
2. As quoted in WhatTheyDidRight
WhatTheyDidRight,, Virginia Hearn, ed. (Wheaton, Ill.: Tyndale
House Publishers, 1974), 166-167.
3. Dr. James Dobson, TheStrongWilledChild
TheStrongWilledChild(Wheaton,
(Wheaton, Ill.: Tyndale House
Publishers), 132.
13-NJI BAP
1. Jerry Adler, „Building a Better Dad,“ Newsweek (June 17, 1996): 59.
2. Philipians 4:19.
3. Myriam Weisang Misrach, „The Wicked Stepmother and Other Nasty Myths,“
Redbook 181, no 3 (July 1993): 88.
4. Connie Schults, „Separating Fact, Fiction of Blended Family,“ ClevelandPlain
Dealer (January 28, 1995): 1E.
5. Virginia Rutter, „Lessons from Stemfamilies,“ Psychology Today, 27, no. 3
(May-June 1994): 30.
M AZMUNY
Minnetdartlyk . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 3
1.
Kyn pursatda ata bolmaklyk . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 4
2.
Ata bilen özara gatnaşyk . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 15
3.
Şeksiz ata söýgüsi we mylaýymlygy . . . . . . . . . . . . . . . . . . 25
4.
Ata arassalygy . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 37
5.
Ata hakykaty . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 52
6.
Ynama mynasyp ata. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 67
7.
Göwünlik berýän we goldaýan ata . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 76
8.
Ata - baş goragçy hökmünde . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 87
9.
Ata — dostdur . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 100
10. Tertip-düzgüni ynan edýän ata . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 113
11. Ata we bagyşlama . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 130
12. Ata we hormat . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 142
13. Rebbiň göwnüne ýaraýan ata . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 152
Goşundy. Ata öz çagalary bilen näme işler edip biler. . . . . . . . . . 164
Bellikler . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 170
Islendik ugurdan söýgüli elektron
kitaplaryňyzy okamaga alyň.
http://kitabi-knigi.com

Benzer belgeler