öpüşmegıň peidasy we zyiany

Transkript

öpüşmegıň peidasy we zyiany
ÖPÜŞMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY
Ýazan: Lukman
Çarşenbe, 22 Awgust 2012 16:00
"Piste dodaklaryň, bal agyzlaryň
Altyn piýaladyr, gandu-şekerli"
Mollanepes
Pynhan posalar... Uzak wagtlap didarlaşmadyk dostlaryň ýa joralaryň salamlaşyp
ogşaşmasy... Eýsem bu zyýanlymy ýa-da peýdalymyka? Bu barada gapma-garşylyklaýyn
pikirler bardyr. Geliň, dürli nukdaýnazarlara garap geçeliň.
Iki nukdaýnazar
Öpüşmeleriň peýdalydygyny nygtaýanlar olaryň adam bedeniniň goraýjy güýçleriniň
işjeňleşmegine ýardam berýär diýip hasaplaýarlar. Öpüşmäniň tarapdarlary işe gitmezden
öň öz gelnini ogşaýan erkekler
5 ýyl uzak ýaşaýar
diýip hasaplaýarlar.
Emma öpüşmelere garşy çykýanlar 1,5 minutlyk hyjuwly öpüşmäniň gan basyşyny
ýokarlandyryp, gana gormonlaryň köp düşmegi zerarly adam ömrüni 1 minut gysgaldýar
diýip belleýärler. Mundan başga-da, olar öpüşmeler arkaly howply kesellere ýolugyp
bolýandygyny nygtaýarlar.
Eýsem bu nukdaýnazarlaryň haýsysy dogruka? Öpüşmeler peýdalymy ýa-da zyýanlymy?
Ýöne hakykat iki nukdaýnazaryň aralagyndadyr diýsek, ýalňyşmarys. Paraselsiň aýdyşy ýaly,
hemme zat zäher, hemme zat dermandyr. Esasy zat, dogry araçäklendirmäni saýlamagy
1/4
ÖPÜŞMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY
Ýazan: Lukman
Çarşenbe, 22 Awgust 2012 16:00
başarmalydyr. Öpüşmeleriň saglyk üçin PEÝDALY taraplary
Öpüşýän adamlaryň damar urmasy ýygylyşyp, gan aýlanyşygy gowulanýar. Bu bolsa içki
agzalaryň gan bilen üpjün edilşini gowulandyryp, bütin bedeniň ýaşaýyş işjeňligini artdyrýar.
Öpüşmäniň dowamynda ýüzüň 30-dan gowrak myşsasy hereket edensoň, ýüzüň derisiniň
çeýelegi artýar, gasynlary ýazylýar.
Öpüşme wagtynda dem alşyň ýygylygy we dowamlylygy artansoň, gan kislorod bilen oňat
üpjün edilýär. Uzak posanyň dowamynda demiň saklanmagy bolsa özboluşly dem alşyň
türgenleşmesi ýaly bolýar.
Öpüşmäniň dowamynda tüýkülik mäzleriniň işjeňligi artyp, tüýkülik köp emele gelýär. Bu bolsa
diş syrçasynyň berkemegine ýardam berýär, sebäbi tüýküligiň düzümindäki kalsiý we fosfor diş
çüýremesine garşy oňat tebigy serişdedir.
Hyjuwly öpüşmäniň dowamynda adamyň ganyna endorfin gormony aralaşyp, ol
agyrysyzlandyryjy serişde ýaly täsir edýär. Uzak posa, gormonal deňagramlylygynyň
sazlaşmagy sebäpli hatda gan damarlarynyň kadasyz işini hem aradan aýryp bilýär. Adamyň tüýküligindäki tebigy antibakterial maddalar agyz boşlugyndaky ýaralaryň bitmegine
ýardam berýär.
Päk öpüşme adamyň söýülýändigini mälim edip, onuň özüne bolan ynamynyň artmagyna
ýardam berýär.
Öpüşmäniň diňe fiziki we fiziologiki däl, eýsem emosional taraplary hem bardyr. Emosional
taýdan öpüşmeler nerw dartgynlylygyny peseldip, emosioanl urgulara bolan çydamlylygy
artdyrýar.
2/4
ÖPÜŞMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY
Ýazan: Lukman
Çarşenbe, 22 Awgust 2012 16:00
Öpüşmeler bedeniň agramyny azaldyp bilýär diýen pikir o diýen bir dogry däldir. Ýöne
öpüşmäniň dowamynda koloriýalaryň belli bir mukdary ýanansoň, ýygy-ýygydan uzak
öpüşmeleriň netijesinde horlanmagyňyz hem ahmal.
Öpüşmeleriň dowamynda ýaglar, beloklar, minerallar we bakteriýalar alyş-çalşygy amala
aşyrylýar.
Tüýküligiň düzümindäki köpsanly streptokokklar bedende streptokinaz fermentiniň emele
gelmegine kömek berýär. Bu ferment bolsa öz gezeginde beýnä gan inmeleriň we ýürek
myşsasynyň infarktynyň öňüni almaga ýardam berýär.
Öpüşmäniň dowamynda adamyň bedenine keseki bakteriýalar aralaşyp, bedende olara garşy
göreşiji öýjükleriň (antitela) emele gelmegi amala aşýar. Bu bolsa adamyň immun ulgamynyň
berkemegine ýardam berýär. Şoňa görä-de, ýygy-ýygydan uzak öpüşýänler dürli kesellere az
ýolugýandyrlar.
Öpüşmeleriň saglyk üçin ZYÝANLY taraplary
Öpüşmeleriň dowamynda başganyň tüýküligi arkaly köp keselleriň hem geçmek howpy
döreýär. Şeýle kesellere: ýiti respirator, wirus ýokançlyklary, basyk, dümew keselleri degişlidir.
Inçekesel, gepatit A we B ýaly agyr keseller hem posalar arkaly geçip bilýär. Gepatit С we
AIW-ýokançlygy tüýkülik arkaly ýokuşmasa-da, agyz boşlugynda ýarajyklaryň ýa-da
jaýryjyklaryň bolan halatynda bir adamdan beýleki adama geçip bilýär. Muňa stomatit – agyz
boşlugynyň sowuklama keseli hem ýardam berýär. Trihomonoz we sözenek (gonoreýa) tüýkülik arkaly geçmese-de, merezýel (sifilis) we uçuk
ýaly keseller öpüşmelerde aňsatlyk bilen ýokuşýar.
3/4
ÖPÜŞMEGIŇ PEÝDASY WE ZYÝANY
Ýazan: Lukman
Çarşenbe, 22 Awgust 2012 16:00
Öpüşmeleriň netijesinde ýokançly mononukleýozyň döreme howpy örän ýokarydyr. Muňa
başgaça "öpüşmäniň keseli" hem diýilýär. Ýokançly mononukleýoz ýiti wirus keslei
bolup, ganyň düzüminiň üýtgemegi, bagryň, dalagyň, limfodüwünleriň zeperlenmegi, gyzgynyň
artmagy bilen häsiýetlendirilýär.
Öpüşmäniň netijesinde dürli allergiki täsirlilikleriň ýüze çykmagy hem ahmal. Bu esasan-da,
öpüşýänleriň biri arahis ýaly allergiki täsirliligi döredip bilýän iýmiti iýende ýüze çykyp bilýär.
Arahis iýen adamyň dişini arassalandygyna, agzyny çaýkandygyna, sakgyç çeýnändigine
garamazdan, arahisiň maýdaja bölejikleri agyz boşlugynda saklanyp, allergiki täsirliligi bolan
söýgülisini kösemegi ahmal. Şeýle iýmite allergiki täsirliligi döredýän iýmitiň islendigi degişlidir. Howpsuz öpüşmeler
Ýönekeý posa saglygy berkidip-de, oňa zyýan ýetirip-de bilýär. Öpüşmeleriň berýän
lezzetinden mahrum bolmazlyk, kesellere ýolukmazlyk üçin, arassaçalygyň sadaja düzgünlerini
berjaý edip, hemişe şol bir adam bilen öpüşmek maslahat berilýär.
Ulanulan WEB salgy
4/4

Benzer belgeler

BAP 9 - Saglyk

BAP 9 - Saglyk Öpüşmäniň dowamynda adamyň bedenine keseki bakteriýalar aralaşyp, bedende olara garşy göreşiji öýjükleriň (antitela) emele gelmegi amala aşýar. Bu bolsa adamyň immun ulgamynyň berkemegine ýardam be...

Detaylı

REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)

REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW) Öpüşmäniň dowamynda adamyň bedenine keseki bakteriýalar aralaşyp, bedende olara garşy göreşiji öýjükleriň (antitela) emele gelmegi amala aşýar. Bu bolsa adamyň immun ulgamynyň berkemegine ýardam be...

Detaylı

howplumy ia-da howpsuz?

howplumy ia-da howpsuz? E102, E104, E110, E122, E124, E129, E211 britan lukmanlarynyň pikirine görä, çagalaryň gaharjaňlygynyň sebäbi bolup, olaryn nerw ulgamyny aşa oýandyrýarlar  we pikiriniň dagnyk bolmagyna getirýärler.

Detaylı

ıçege iokançlyklary

ıçege iokançlyklary "Içege ýokançlyklary" düşünjesi, ýokanç keselleriň uly toparyny öz içine alyp, iýmit siňdiriş ulgamynyň zeperlenmegi we iç geçme (diareýa) alamatlary bilen häsiýetlendirilýändir. Ondan ba...

Detaylı