Hojanepes Çaryıew Türkmeni Öwreniş

Transkript

Hojanepes Çaryıew Türkmeni Öwreniş
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
HOJANEPES ÇARYÝEW
(1906— 23.12.1941)
Ýakyn taryhymyzyň öçmejek sahypalaryndan
Göreşjen ýigit, Staliniň ganly repressiýasyna ömri kül bolan
Ýazyjy-şahyr Hojanepes Çaryýewiň durmuşy hakynda.
“Syýam boldy gyzyl ganym...”
Hojanepes Çaryýew bary-ýogy 35 ýaşady. Ol 1901-nji ýylda Zakaspiniň Bäherden
raýonynda dünýä inýär. Ol Türkmen sowet şahyry, dramaturgy we jemgyýetçilik
işgäri. 1927-nji ýyldan SSKP çleni. Ol 1922 ýyldan Bäherdeniň demir ýol
ussahanasynda işläp başlaýar. Türkmenistanda ýer-suw reformasyny geçirmek
işine aktiw gatnaşýar. Ol Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetiniň
žurnalistika bölümini gutarýar (1932). «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynda
bölüm müdiri (1929), türkmen ýazyjylarynyň Guramaçylyk komitetinin başlygy
(1932). Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň ilkinji başlygy (1934)
bolup işleýär. Şol bir wagtda ol «Kolhozçy» gazetiniň, «Türkmenistan şura
edebiýaty» žurnalynyň redaktory wezipelerini hem alyp barýar. H.Ç. 1927 ýyldan
çeper döredijilik işine başlaýar
we syýasy sosial temalardan ençeme şygyr
döredýär («Gurmak bilen», 1929; «Boljagydyr şol». 1930; «Ynkylap tolkuny», 1931;
«Şarkdan şemal», 1932 we b.). Ol proza žanrynda-da güýjüni synaýar («Men
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
mugallym» hekaýasy we olara ölüm» diýen gutarylmadyk powesti). Ol «Garagum
çöllerinde» (1933) diýen dramanyň awtorlarynyň biridir. Onuň «Kolhoz gyzy»
(1937) diýen piessasy respublikan konkursda baýrak alýar. Mollanepesiň «Zöhre—
Tahyr» dessany esasynda sazly drama döredýär (1935). H.Ç çeper edebiýata degişli
makalalar bilen hem çykyş edýär, ol A. S. Puşkiniň ençeme goşgusyny, Eýranly
ýazyjy M.M Kaziminiň “Gorkuly Tähran» pomanasyny türkmen diline geçirýär.
Edebiýat: Çaryýew H. Saýlanan eserler.
Aşg., 1961;
Gurbansähedow
M. H. Çarýyew.
Aşg. 1965. Türkmen Sowet Ensiklopediýasy. T.10)
Ýokardaky maglumatda bu göreşjeň ýigidiň başyna inen hupbat hakynda
ensiklopediýaçylar dil ýarmaga milt edip bilmändirler. H.Çaryýewiň ömri we ykbaly
hakynda ýazyjy Allaýar Çüriýewiň makalasy1 bilen okyjylarymyzy tanyşdyrmagy
makul gördük. Makalada agzalýan seneler 89-njy ýyla degişli.
A. Goli
-----------------TSSR Ýazyjylary soýuzynyň prawleniýasynyň başlygy, kommunist şahyr Hojanepes
Çaryýewiň ady ýigrimi ýyllap türkmen sowet edebiýatynda düýbünden agzalmady.
Çünki ol 1937-nji ýylyň repressiýasy döwründe «halk duşmany» hökmünde tussag
edildi. Diňe SSKP-niň XX gurultaýyndan soň Staliniň şahsyýet kulty partiýa
tarapyndan berk ýazgarlansoň, nähak basylan miliýonlarça sowet adamlary bilen bir
hatarda Hojaneps Çaryýew hem aklandy. Metbugatda we edebiýatçy almlaryň
işlerinde onuň ady agzalyp başlady. Edebiýatçy Muhammet Gurbansähedow bu
kommunist şahyr hakda kitap ýazdy.
Elbetde, Hojanepes Çaryýewiň türkmen sowet edebiýatyny ösdürmekde
bitiren hyzmatlary az-küş däl. Ol TSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy
hökmünde-de uly guramaçylyk işleri alyp bardy. Ýönne häzire bu güne çenli
represiýanyň pidasy bolan ýazyjylarymyz hakda giňişleýin gürrüň edilmezligi
gynandyrman duranok. Durgunlyk ýyllarynda bu ýagdaý hasem mese-mälim
bildiripdi. Muny ýekeje bir mysal bilen hem subut etmek bolýar. Türkmen sowet
ensiklopediýasynyň 8-nji tomynda (1978-nji ýyl) “Türkmen sowet edebiýaty” atly
makala ýerleşdirlipdir. Makalanyň awtorlary otuzynjy ýyllarda diňe bir türkmen
edebiýatynda däl, eýsem Soýuz möçberinde halanyp, ussat ýazyjy-şahyarlar
arasyndan uly baha mynasyp bolan Oraz Täçnazarowyň «Batrak» poemasy hakda-da,
Hojanepes
1
Çaryýewiň goşgulary hakda-da
kelam
Allaýar Çüriýew. Edebiýat we Sungat”, 1989-nji ýylyň 28-nji april sany.
agyz
söz
aýtmandyrlar.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
Ensiklopediýadaky şol makaladan çen tutsaň, Oraz Täçnazarow, H. Çaryýew ýaly uly
ýazyjy-şahylar ýaşap geçmedik ýaly, hiç hili eser döretmedik ýaly duýgyny başdan
geçirýärsiň.
Ýeri gelende aýtsak, häzirki üýtgedip gurmak döwründe, haçanda stalinçilik
represesiýanyň ähli babatda ýazgarylýan döwründe ýokarda adyny agzan
şahyrlarmyzyň edebi mirasny bir ýere ýygnap özbaşyna kitap edip çykarmagyň
wagtynyň ýetndigi hemmämize düşnükli bolsa gerek.
Biz şu ýazgymyzda Hojanepes Çaryýewiň we onuň maşgalasynyň şahsyýet kulty
döwründe başadan geçiren agyr durmuşlary hakda gürrüň bermekçi. Hojanepes
Çaryýewiň ýanýoldaşy Abadan eje häzir Aşgabatda ýaşaýar. Haçanda 1937-nji ýylda
H. Çaryýew «halk duşmany» hökmünde türmä basanlarynda ol 27 ýaşly gelin eken.
Häzir ol 79 ýaşyndda. Ol şunça ýyllap öz adamsyna niçe umyt bilen garaşypdyr.
Abadan eje Agtygy bilen
(O. Sähetgylyjowyň düşüren suraty)
“Biz Hojanepes basylanda Engels köçesinde oturýardyk. Gije Duýdansyz
gapy kakyldy. Açsak üç sany adam dur. Meňem elimde kiçijik çagam. Göwrämdede bäş aýlyk çaga, Hojanepes şo wagtam ýazyp otyrdy. Hojanepesi soradylar.
Menem “içki tamda işläp otyr” diýdim. Olar öýe girip Hojanepesiň işläp oturan
otagyna bardylar. Işläp oturan wagty oň ýanyna barmak gylygym ýokdy. Ýöne
bu sapar ýüregim bir zat syzan ýaly etdi-de, olaň yzy bilen girdim. Olar
Hojanepesiň öňüne bir kagyz atdylar. Olam okap, ýazyp oturan zadyny ýapdyda: «Rugsat. Barlaberiň» diýdi. Barlamaga başladylar. Öýuň içinde näme bolsa
barladylar. Egin-eşigine çenli, kitaplara çenli. Hatda otluçöpe çenli barlap
gördüler. Men şonda «Garaşylmaýan zat. nähili boldy bi?» diýip Hojanepesden
soradym. Olam: «Aý, wagty geler, bilner-dä» diýdi.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
Hiç zat tapmadylar. Alyp gitmäge-de zat tapmadylar. Olar oňa «Sen şaýyňy
tut» diýdiler. Ýany bilen näme almalydygynam özleri aýtdylar. Al diýen
zatlaryny aldy, alma diýen zatlaryny almady. Barlap oturan wagtlary bolan bir
waka şu günki ýaly göz öňümden gidenok. Gujagymdakyny emdirip otyrdym.
Birden ol emmesini boldy-da, boýnundan asylgy tüpeň oýnawajyny kitap barlap
oturan adamyň ýüzüne tutup «kihh, kihh, kihh» etdi». Biri öwreden ýaly. Ol
adamyň reňki birhili boldy. Menem şonda «Be-e, bu adam çagaň eden zadynam
gaty görýä” diýip, içimden pikir etdim.
Hojanepesi alyp gitdiler. Alyp giden zatlarzm goşa tüpeň. Başga zat ýadyma
düşenok”— diýip, Abadan eje hamsykdy.
Şondan soň ýaş gelniň üstünden apat inýär. “Halk duşmanlarynyň” maşgalasy hökmünde jaýy
boşatmagy talap adilýär. Onuň üstesine-de çagalary eklemelidi. Ýagdýaýyny aýtsa-da, hiç kimiň
oňa düşünesi gelenokdi. Düýnem äbede-jüýje bolup ýaşaşyp ýören goňşularam “halk
duşmanynyň” maşgalasynadan habar tutmaga çekinýärler. Hojanepes bilen bile bir arada işleşen
şahyr goňgşam başarsa bularyň gözüne görünmejek bolýardy. Haçanda üç ýaşlyja Edipjik ondan
kakasyny soraýsa-da çaganyň soragy jogapyz galýardy. Onuň «kakaň/dädeň ynha geler!»
diýmäge-de, şeýdip çagany köşeşdirmäge-de bogny ysanokdy. Ahyry Abadan ejäni suda
çagyrýarlar. Olam çagalary bilen suduň jaýyna baranda:
— Sen halk duşmanyň aýaly. Nirede ýaşasaň şonda ýaşa, ýöne jaýy boşat—diýýärler.
Hiç hili alajy galmansoň naçar:
—Boşatmaly bolsa boşadaryn. Ýöne menem Hojanepesiň ýanyna äkidäýmeseňiz, meň
başga gapym ýok —diýýär.
—O zatlar bilen işiň bolmasyn. Sen ýöne jaýy boşat—diýip, doňýüreklik bilen jogap
berýärler.
Şeýdip ol Hojanepesiň obadaky ilen-çalanyna: «Meni ýygnajak bolawersinler» diýip
sargyt edýär.
Ol her gün arman-ýadaman Hojanepesi görjek bolup, türmä gatnaýar. Her gezegem ol
ýerden lapykeç halda yzyana gaýdýar.
Ahyry paltasy daşa degen Abadan, oba gidýär. Öz ýany bilenem Hojanepesiň
kitaplarynyň bir bölegini äkidýär. Äkidip bilmedikrlernem şahyr Ata Nyýazyň aýaly özlerinde
goýmagyny teklip edýär.
— “Wah görülmedik görde diýleni-dä. Bir gözümden gan akýar, bir
gözümden ýaş. “Seň haýryňdan geçäýmeli welin, çagajyklar bar-da diýýän öz-
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
özüme. «Sopbäş bir özüm bolam bolsam, etmeli zady bilýän» diýýän. Çagalar
bolmasa, öz janyma kast etjek. Ynayn şuňa.”
-Iki çagasy bilen köçä taşlanan, üçünjisine-de garaşyp ýören Abadan Bäherdene
Hojanepesiň ýalňyz dogany Jeren howandar çykýar. Ol Jerenlerde ýaşaýar.
Jeren kolhozda işleýärdi. Öňdebaryjy. Ýöne gara gün onuň özüniňem üstünden inýär.
«Halk duşmanynyň» dogany bahanasy bilen ony kolhozdan çykrýarlar. Näme etmeli? Olar iki
bolup haly artelinden öýde dokamak üçin haly alýarlar.
Üçünji çaga dünýä inýär. Oba aýallary üýşüp oňa «Görjegiň şatlyk bolsun, muň adyna Şat
dakalyň» diýýärler. Ýöne olam üç ýaşyndaka enäniň bagrynay paralap, derdiniň üstüne dert
goşup, gyzamakdan ýogalýar.
Hawa, çaga dünýä inenden soň ol ýene-de haly dokamaga başlaýar. Bir gün haly dokap
otyrkalar, oba Sowetiniň başlygy üç adamy yzyna tirkäp gelýär. Biriniň pogonlydygna/‫ سردوشی‬gözi
düşen Abadan özüni ýitirýär:
—Pägünlini görüp gorkdum. Indi menem äkitjekler diýen pikir göwnüme geldi.
«Jeren — diýdim — bujagazy äkitmeli bor. Egin-başlaryny ýygnaşawer»—diýdim.
Olam «Wah, Abadan, beýle zat diýmesene» diýdi. Olaram äpişgäň agzynda durlar.
Geldiler. Oba Sowetiniň başlygy jaýlary görkezýän eken. Soradylar. «Görýän çagalaň
biziňki» diýdim. Ýazyşdyrdylar. «Bulaň özleriniň oturmaga jaýlary ýok» diýdiler.
Ýygnalan adamlaň jaýlaryn hasaba alýan ekenler. Hawa, janym, Hojanepes-ä
tussagda ýatyr, bizem oň yzynda ýesir ýaly bolup ýörüs...
Oba sowetiniň başlygy soňam ýaş geline azar berýär. “Seň pasportyň bärde hasapda däl.
Saýlawa-da nirde hasapda durýan bolsaň, şol ýerden geç” diýip, öz gününe goýmaýar. Ahyry ol
üç çagasyny alyp raýon merkezine barýar. Arz edýär. Onuň ýagdaýyna düşünýärler. Şondan soň
ol yzygider ýanalmadan dynýar.
-Aý, dünýäm, başymyzdan geçmedik gün ýokdur. Dokmany gutardyk. Jereni soň
kolhoza dikeltdiler. Jerene diýdim: «Bile kolhoza gideýli. Zähmet gününi seň adyňa
ýazdyraýaly». Olam razy boldy. Baş ýyl kolhozda süýrendim. Arkalaşdyk ikimiz.
Kolhozam garyp, zat ýok. Soň egin-baş tikilýän artele işe geçdim. Ýedi ýyl işledim.
Soň meň işleýän bölümim ýapyldy. Iki-üç aý işsiz boldum. Şol arada ýekebara diýip,
agyr salgyt salyp gitdiler. Oňa-muňa baran bolýan. Peýdasy ýok. Soň ýarysyny
bermeli diýdiler. Gün görülen däldir. Çagajyklaram gyş oduna iberýän. Birje eşek
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
äberdim olara. Soň bir Sygygr edinäýin diýdim. Sygyr sakladyk. Çykan süýdüň bir
käsesini içerler, galanyny gatyk edip satýan.
Iki naçar Hojanepesiň çagalaryny hor-zar etmezlik üçin, gijelerini gündiz edip işleýärdiler.
Gözleri bolsa ýoldady. Hojanepes bir ýerden çykaýjak ýaly bolup durdy. Türmeden çykyp gelen
adamdan bolsa, Hojanepesi soraýardylar. Bir ýola bir hoş habar gelip gowuşdy. Hojanepes bilen
bir ýerde tussaglykda bolup, möhleti gutaryp gelen adamyň Aşgabatdadygyny, aýalynyň bolsa
haly fabriginde işleýändigini eşiden Abadan ýola düşdi. Haly fabrigine geldi. Halyçy aýaly tapdy.
Ol Öz äriniň türmeden gelip, on bäş günden soň ýogalandygyny aýtdy. Onuň Hojanspes atly bir
şahyr bilen bile bolandygyny, maşgalama gowşur diýip hat bilen ryçka iberendigini aýtdy.
Ruçkany Abadana gowşurýar. Hatyň bolsa ýitendigini gynanç bilen aýdýar.
—Ata Nyýaz, Nurmyrat Saryhan, Hally Şahberdi, Hojanepesiň iň gowy
görüşýän dostlarydy. Hojanepes tutulandan soň bäş ýyllap Bäherdenden
Aşgşbadyň türmesine gatnadym.
Hojanepesiň ilki tutulan wagty maňa ony bir gezejik görmek miýesser etdi.
Görüşilýän jaýa baramyzda, Hojanepesi özünden başga ýene iki tussag bilen
şotak getirdiler. Eli arkasynda, ýany garawully, ol maňa tarap ýöneldi. Aramyzda
uzyn tagta bardy. Herimiz bir tarapynda oturdyk. Ol töwöregine assyrynlyk bilen
seredip «Men saňa bir zat bersem alypt bilermiň? Ýöne sen hiç zatdan gorkma»
diýdi. Ol türkmençe gürlänsoň, garawul oň sözüne düşünenokdy. Menem
«Alaryn, näme alman» diýdim. Elimde ýaş çagam bardy. Hojanepes bir bölejik
zady ýuwaşlyk bilen maňa tarap oklady. Menem çagamyň arlygy gaçan
hökmünde elimi uzadyp aldym. Alyp, çagaň gundagyna saldym.
Soň öýe getirip ony açsak, goşgy eken. Goşgyny okap gördük. Agladyk. Ýene
okadyk, ýene agladyk. Şol goşgyň bir ýerinde “Syýam boldy gyzyl ganym” diýen
setir welin ýadymda galypdyr. Birnäçe ýyl geçenden soň ol haty çagalar
tapyp, oýnap ýyrtypdyrlar. O hatam beýdip gitdi.
Bäherdende ýaşap ýörkäk Hojanepesiň ýegeni Myrat öz ýany bilen asly
Garagum obasyndan Ata diýýän bir oglan bilen geldi. Şonda olar Hojanepesiň
kitaplary salnan ýaşşigi açyp göreli diýip haýyş etdiler. Menem ony açdyrmajak
boldum- «Açsam, hersi birýan dagap gider» diýdim. Emma olar «Ýene öňküsi
ýaly edip ýygnap goýarys» diýip, ýalbaryp duransoňlar rugsat berdim. Şonda Ata,
Hojanepesiň golýazmalaryndan birnäçesini alyp: «Muň hiç ýerinde ýalňyş
ýazylan zýat ýok. Men şuny äkidip öwrenjek» diýdi. «Aý, hanym, Hojanepesiň
başyna-ha şu zatlar ýetdi. Soňam muny menden alanyňy hiç kime aýtma» diýip
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
sargadym. Soň Aşgabatda kyrk sekizinji ýylda ýer yrananda o neresse-de
ýeriň astynda galypdyr. O golýazmalaram şoň bilem gitd.
Abadan eje iki ogluny hem ata, hem ene deregine bolup ýetişdirdi. Uly ogly Edip Çaryýew
Bäherdende wraç/lukman bolup işledi. Ol 1983-nji ýylda tarpa-taýyn ýogaldy. Kiçisi Azat
politehniki inistituty gutaryp, mehanik bolup işleýär. Abadan eje uly agtygyna Hojanspesiň
adyny dakdy. Ol häzir goşun gulluynda.
Durmuşyň çarkandakly ýollarynda ejizlemän, edermenlik ýoluny geçen bu garry enäniň
söhbeti meni biçak tolgundyrdy. Iň agyr günlerde-de Hojanepesiň merdana keşbi, aýdan sözleri
oňa goltgy berdi. Otuzynjy ýylarda Hojanepesiň kurortdan satyn alyp gelen hasasyny garry ene
apalap saklapdyr. Bu ondan galan ýalňyz ýadigärlik. Bu günki gün bolsa şo hasa ýetmiş dokuz
ýaşly garry enä oturanda-turanda söýget bolýar.
****
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
ÝATLAMALAR
I
RUHY ALYÝEW
Ýazyjylar guramasynyň başlygy
H.Çaryýewiň 60 ýaşyna!2
Men Hojanepes Çaryýewiň adyny 1927-nji ýyllarda eşidipdim. Şol ýyllarda onuň özi bilen duşuşmasam-da, şygyrlaryny metbugatda köp okapdym. Ol edebiýata habarçylyk üsti bilen
gelenlerden biridi. Hojanepes ýaşlygyndan uly zähmet mekdebini geçipdi. Ol täze guralan sowet
mekdebinde sowat alandan soň, obada dürli işlerde işläpdi. Ol ilki daýhançylyk edýär, soňra
Bäherden demirýoly ussahanasynda, ýene birnäçe wagtdan soň bolsa Aýdyň stansiýasynda
demirýol işçisn bolup işleýär.
H. Çaryýew Türkmenistan komsomolynyň düýbüni tutujylardan biridi. Ol 1923-nji ýylda komsomol hataryna giripdi. Respublikamyz guralandan soň oba Sowetiniň sekretary bolup işlemek
bilen, şol ýyllarda geçirilen ýer-suw reformasyna işeňňirlik bilen gatnaşypdy.
Durmuşyň jümmüşinde ýaşan, oba durmuşynyň şol ýyllardaky gapma-garşylyklaryna aýdyň göz
ýetiren, şol döwrüň aýgytly synpy göreşiniň aýylganç sahnalaryny gözi bilen gören Hojanepes,
şol wakalara işeňňir gatnaşmak bilen, täze çykyp başlan ýerli gazet-žurnallaryň aktiw habarçylaryndan biri bolupdy. Soň-soňlar, Hojanepesiň özi bu hakda örän gyzykly gürrüňler, ýatlamalar
aýdyp bererdi.
Hojanepes şol ýyllarda Türkmenistanyň iň aktiw habarçy žurnalistlerinden biridi. Ol diňe
«Türkmenistan» gazetine habar ýazmak bilen çäklenmän, «Ýaş kommunist», «Daýhan»
gazetlerine we «Tokmak» žurnalyna hem habar ýazýardy. Soňra bolsa ol goşgular, feletonlar
ýazyp başlady. Hojanepesiň özüniň aýtmagyna görä, onuň satiriki goşgular ýazmagynda B.
2
Türkmenistan kommunisti. Nr. 12, 1966
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
Kerbabaýewiň (Kepje sakal), G. Burunowyň (Pişge murt) «Türkmenistan» gazetinde we
«Tokmak» žurnalynyň sahypalarynda çykýan satiriki we ýumoristik goşgularynyň, feletonlarynyň täsiri güýçli bolupdyr. Hojanepes olaryň däbine eýerip, «Daşdeşen» diýen lakam
bilen bir topar satiriki hem-de ýumoristik goşgular ýazýar, metbugatda çap etdirýer.
Hojanepesiň isle satiriki we ýumoristik goşgulary bolsun, isle beýleki goşgulary bolsun, olaryň
ählisi şol ýyllaryň aýgytly synpy göreşi bilen baglanyşyklydy. Şol ýyllaryň işeňňir çleni komsomol Hojanepes syýasy tarapdan örän ýiti düşünjelidi. Şonuň üçinem, onuň goşgularynda synpy
duşmany düýp-teýkary bilen ýok etmek, olary masgaralamak hem-de olaryň ähli pirimlerine
gaýtawul bermek hyjuwy bardy. Şol goşgular çuňňur syýasy äheňe ýugrulypdy.
«Turkmenistan» gazetiniň redaksnýasy 1929-njy ýylda H. Çaryýewi habarçylar bölüminiň
müdiri edip, redaksiýa işe aldy. Hojanepes bu wezipede özüni gowy guramaçy we professional
gazetçi hökmünde tanatdy. 1930-njy ýylda redaksiýa ony Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik
uniwersntetinin (SAKU) žurnalistik bölumine okuwa iberdi. H. Çaryýew ol ýerde iki ýyllap
okansoň, ökde žurnalist bolup, Aşgabada redaksiýa işe gaýdyp geldi. Ol birneçe wagt
Türkmenistanda habarçylar hereketiniň başynda durup, şol ähli- halk hereketine ýolbaşçylyk
etdi. Ol raýon we oba ýerlerinde habarçylaryň ýagdaýynyň kyndygyna düşünýärdi hem olara
hemnşe çynlakaý goldaw berýärdi.
Hojanepes Çaryýew Daşkentde okan mahalynda, marksizm-leninizm teornýasyny öwrenmekden
başga-da, rus we doganlyk halklaryň edebiýaty bilen ýakyndan tanyş boldy, köp zatlar barada
olardan tälnm aldy.
Hojanepes döredijilnk meýdanyna 1927-nji ýyda giripdi. Emma onuň döredijiligi 1930-njy ýyllardan başlap has rowaçlandy. Zehinli şahyryň metbugatdan çeper edebiýata gelmegi, onuň
döredijiligine täsirini ýetirdi. Synpy göreş temasynyň onuň poeziýasyndan eriş-argaç bolup
geçmeginde metbugatyň täsiri şübhesizdir. Onuň goşgularyny okanyňda, ýaşan döwrünnň
jemgyýetçilik gatnaşyklary aýdyň göz öňüne gelýär. Şol goşgular öz döwrüniň letopisidir/
beýannamasydyr.
Hojanepes Çaryýewiň poeziýasynda iki ugur: syýasy lirika hem ýumoristik, satiriki goşgular
agdyklyk edýär. Şahyryň ilkinji goşgular ýygyndysy «Hüjüme» giren goşgular munuň şaýadydyr.
Hatda onuň ilkinji kitabyna dakan ady-da şol döwrüň jemgyýetçilik durmuşynda synpy göreşiň
aýgytlaýjy rol oýnandygyna güwä geçýär.
Hojanepes Çaryýew 1932-nji ýylda Daşkentden okuwyny tamamlap geleninden soň ony
“Daýhan” gazetiniň relaktory edip bellädiler.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
BK(b)P Merkezi Komitetiniň 1932-nji ýylyň 23-nji aprelinde kabul eden taryhy kararyndan soň
Hojanepes döredijilik işine has ymykly ýapyşdy. Ol liriki goşgulardan sýužetli poemalar
ýazmaklyga geçdi, proza we edebi tankyt barada hem ukybyny synap başlady. Ol umumy
häsiýetde ýazylan ritoriki we agitasion häsiýetli goşgulardan, durmuş hakykatyny real suratda
dogruçyl beýan eden anyk mazmunly goşgulara, poemalara geçdi. Onuň «Zarpçy Nabat» diýen
şygry, «Oktýabr ogly» we ýazylyp gutarmadyk «gaça-gaçlyk» poemalar şahyryň durmuşynyň giň
realistik kartinalaryny çekmäge başlandygyny subut edýer.
Ýokarda agzalan karar esasynda çagyrylan Turkmenistan sowet ýazyjylarynyň birinji gurultaýy
(19341 Hojanepes Çaryýewi Turkmenistan sowet ýazyjylary soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy
edip saýlady.
Hojanepes şol döwürden döredijilik işine has tutanýerlikli girişip başlady. Onuň döredijilik güýji
we guramaçylyk ukyby köp işler bitirmegine mümkinçilik berdi. Ol partiýanyň talaplaryna
laýyklykda, ähli ýazyjylary döredijilik guramasynyň töweregine jebisleşdirdi. Köp sanly zehinli
ýaş ýazyjylary terbiýelemek meselesini guramanyň öňünde duran esasy wezipeleriň birine
öwürdi. Az wagtyň içinde ýazyjylar guramamyz ýaş ösdürimleriň hasabyna has ösdi. Oňa bir
topar zehinli ýaşlar — Rehmet Seýidow, Nurmyrat Pomma, B. Seýtäkow, Kemal Işanow,
Nurmyrat Saryhanow, Durdy Haldurdy, G. Esenowa, Garly Hemraýew dagy geldi. Ýazyjylaryň
arasynda bolan käbir agzalalyk we toparçylyk meýilleriniň soňuna çykyldy. Durmuşy içgin
öwrenmek, täze gahrymanlaryň ynandyryjylykly obrazlaryny döretmek we edebiýatyň
tematikasyny hem-de ýazyjylarymyzyň göz ýetimini giňeltmek üçin bir topar çäreler görüldi.
Şol maksady amala aşyrmak üçin, ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň karary bilen ýazyjylar
kolhozlara we önümçilik kärhanalaryna komandirowka iberildi. B. Soltannyýazowyň «Donbas»
poemasy, A. Nyýazowyň «Iň soňky gije» powesti, H. Şükürowyň «Azatlyk» poemasy we başga-da
birnäçe eserler hut şeýle komandirowkalaryň netijesinde ýazylan eserlerdir.
Şol ýyllarda biziň ýazyjylarymyz rus we dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny türkmen
diline terjnme edip başladylar. Rus poeziýasynyň guwanjy A.S.Puşkin’den edilen ilkinji
terjimeler bu uly we örän ähmiýetli işiň başlangyjydy. H. Çaryýewiň inisiatiwasy bilen
edebiýatymyzyň iň tanymal we görnükli weknlleri terjime işine çekildi. B. Kerbabaýew, G.
Burunow, Ýakup Nasyrly, A. Nyýazow, H. Çaryýew Puşkiniň ilkinji terjimeçileri boldular. Soňra
bu ýazyjylar rus we dünýä edebiýatynyň bir topar meşhur eserlerini türkmen diline terjime
etmek bilen, şol beýik söz ussatlaryndan, durmuşy realistlerçe beýan etmekligiň tärlerini, eseriň
sýužetini we kompozisiýasyny gurmaklygy, obrazlary tip-leşdirmek, ussatlygyň syrlaryny
öwrendiler.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
H. Çaryýewiň Bütinsoýuz sowet ýazyjylarynyň birinji gurultaýyna gatnaşmagy, şol ýerde A. M.
Gorkiniň dokladyny diňlemegi onuň ruhy dünýäsinde uly özgerişler döretdi, döredijilik gözýetimini giňeltdi. Ol çeper edebiýatyň biziň jemgyýetimizde oýnaýan roluna, partiýanyň, hökümetiň
we halkyň edebiýatdan edýän talabyna has doly we dogry düşündi.
Ol Moskwadan geleninden soň, uly joşgun bilen işe girişdi, ähli ýazyjylary hem aýaga galdyrdy.
«Ýazyjy ýazmalydyr. Ýazmadyk adamyň, ýazyjylaryň arasynda bolmaga haky ýok. Muny bizden
partiýa, hökümet, halk talap edýär. Kolhozçy hasyl, işçi önüm berýän bolsa, biz hem halka çeper
eser bermelidiris!» diýip, ol Aşgabat ýazyjylarynyň gurultaýdan soň bolan ýygnagynda aç-açan
aýdypdy. Bu sözler gepiň gerdişine aýdylyp goýberilen howaýy sözler däldi. Ýazyjy Hojanepesiň
özi şeýle işlemegiň nusgasyny görkezýärdi.
Ol özüniň iň meşhur eserlerinn şol gurultaýdan soň ýazdy. Ol şol bir wagtyň özünde «Gaçagaçlyk» diýen poemanyn, «Oslagsyz otyrkalar» diýen powestiň, «Zöhre-Tahyr» diýen
peýesesiniň we «Gorkuly Tähran» diýen romanyň terjimesiniň üstünde işleýärdi. Şol ýyllarda ol
birnäçe edebi-tankydy makalalaram ýazdy. Şeýle uly işe baş goşmak Hojanepesiň saglygyna belli
derejede zyýan ýetirdi. Emma ol şonda-da dostlarynyň, doktorlaryň beren maslahatlaryna
ullakan gulak gabartman, yzygiderli işleýärdi. Ol tüýs dörediji adamdy, şonuň üçinem, döredijilik
meýdanynda galamdaş ýoldaşlaryndan yza galmak islemeýärdi.
Bu işleriň üstesine ol Ýokary Sowetiň deputaty we TK(b)P Merkezi Komitetiniň çleni hökmünde,
bir topar jemgyýetçilik işlerinem alyp barýardy.
Ol ýazyjylar bilen hasam köp işleýärdi. Ýaş ýazyjylaryň we galamdaş ýoldaşlarynyň ara alnyp
maslahatlaşyljak eserlerini mydama onuň özi hem okaýardy. Sebäbi ol ýazyjylar guramasynyň
başlygy bolansoň, diňe öz eseri üçin däl, ähli ýazyjylaryň täze döreden eserleri üçinem özünde
uly jogapkärçilnk duýýardy
Hojanepes Çaryýew örän päk ýürekli adamdy. Ol hiç haçan daş-töwereginde bolup geçýän
hadysalara biperwaý garap bilmezdi. Ol örän mähirli we ýumşak häsiýetli adam bolsa-da,
prinsipli adamdy. Onuň ýigrenýen zady ikiýüzlülikdi. Şeýle bir waka ýadyma düşýär; Hojanepes
Ýazyjylar soýuzyna başlyk saýlanandan soň, ýazyjylardan kimdir biri onuň ýanyna gelip,
ýazyjylarymyzyň birini ýamanlapdyr, onuň Hojanepese «duşmandygyny» aýdypdyr. Hojanepes
onuň gürrüňini soňuna çenli diňläninden soň:
— Aýdanyň gowy boldy. Meniň ol adam bilen ömür dawalaşan wagtym ýok. Men onuň maňa
näme üçin «duşmandygyny» bilemok. Häzir, men onuň özüne telefon edip, şu ýere çagyraýyn.
Goý, gelsin, bu ýerde düşünişeris... Sebäbi, beýle zatlaryň ulalyp, soň bir topar adamlara iş bolup,
olary-da işden goýmagy ahmal!—diýipdir. Şonda ýaňky habary getiren adam howsala düşüp:
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
— Ýok, gerek däl! Men ýöne seni habardar etmek üçin gelipdim!— diýipdir. Hojanepes şonda-da
özüne mahsus mylaýymlyk bilen, ol ýazyja öwüt beripdir:
— Ony çagyryp, anyklamak gerek bolmasa, beýle habarlary gezdirmek hem gerek däl! Beýle
gürrüňler diňe ara bulaşdyrýar.
Şondan soň gybatçylaryň Hojanepesiň ýanyna aýagy çekmedi. Ynha, Hojanepes şeýle adamdy!
H. Çaryýew edebi tankydyň ösmegi üçin, uly alada edýärdi. Onuň özi hem birnäçe prinsipial
makalalar ýazdy. H. Çaryýewiň şol makalalary şol ýyllarda biziň edebi tankydymyzyň iň gowy
nusgalarynyň hatarynda durmaklyga laýykdyr. Bu ýagdaý ýöne ýerden ýüze çykmandy. Edebi
tankytda RAP3-çylaryň goýberen ýalňyşlary we tankyda bir taraplaýyn çemeleşmekleri, şol
hakda prinsipial gürrüň gozgamagy talap edýärdi. Edebi tankydy partiýanyň täze talanlaryna
laýyklykda ösdürmek Ýazyjylar soýuzynyň öňünde durýan esasy wezipelerden biridi. Onuň
«Tankyda dogry düşünmeli!», «Edebi tankydyň esasy meselesi» we başga-da birnäçe edebi
tankydy makalalary şol niýet bilen ýazylan makalalardyr.
Ol tankydyň öňünde duran meselelerden söz açanynda, edebi tankydy iki topara bölýär: 1.
Öwrediji tankyt. 2. Owradyjy tankyt. Birinji, ýagny öwrediji tankyt hakda söz açanda, ol ýaş
sowet ýazyjylaryny göz öňünde tutýardy. Tankytçylary olara öwretmäge çagyrýardy. Ikinji hili
tankyt hakynda söz açanda, ol bize ýat ideýa ýugrulan ýazyjylary we eserleri nazarda tutýardy.
Edebiýat meýdanynda duşmançylykly ideýa ýol berilmeli däldigini nygtaýardy. H. Çaryýew öz
çykyşlarynda we edebi tankydy makalalarynda şeýle prinsipial meseleleri batyrgaýlyk bilen öňe
sürýärdi.
Rus sowet ýazyjylarynyň ikinji brigadasynyň düzüminde Türkmenistana gelen Pýotr Skosyrew’i
Keminäniň täleýi örän gyzyklandyrypdy. Ol Kemine hakynda ýörite powest ýazmak hyýalyna
düşüpdn. Materialyň ýetmezçiligi we käbir faktlary anyklaşdyrmak üçin, ol Hojanepes
Çaryýezden kömek sorapdyr. Men şol ýyllarda Keminäniň ömri we döredijiligini öwrenýärdim.
Hojanepes bu işden habarlydy. Şonuň üçinem, ol P. Skosyrewiň hatyna jogap berende, oňa meni
salgy beripdir. Kemine hakynda ähli meseleler boýunça maňa ýüzlenmegi oňa maslahat beripdir.
Hojanepes şonda meni öz ýanyna çagyrdy, özüniň Skosyrewe ýazan haty, oňa beren maslahaty
bilen tanyşdyrdy, «Ruhy, rus ýoldaşlar biziň halkymyz, biziň respublikamyz hakynda bir zat
ýazjak bolýalar, olary her taraplaýyn goldamak gerek. Bu biziň borjumyzdyr» diýip, maňa
ýoldaşlarça tabşyryk berdi.
Bu fakt onuň diňe özüni bilmän, ähli ýazyjylaryň durmuşyny, olaryň meşgul bolýan işlerini
gowy bilýändiginiň şaýadydyr. Ony ähli ýazyjylaryň döredijilik täleýi gyzyklandyrýardy.
3
Respublikan Assosatsiýa Pisatel... Respublikanyň ýazyjylar jemgiýeti.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
ÝATLAMA
II
NAGYM AŞYROW
(H. Çaryýewiň doglan gününiň 70 ýyllygyna4)
30-njy ýyllardaky türkmen ýazyjylarynyň içinde iň zähmetsöýer, iň öndümli işlänleriň biri
merhum Hojanepes Çaryýew bolsa gerek. Wagt jähtden onuň edebiýat meýdanyndaky ykbaly
örän gysga boldy, bary-ýogy on ýyl çemesi. Emma şu aralykda onuň bitiren işlerini göz öňüne
getirseň, ýazyjynyň ýetişikliligine, işjeňligine geň galýarsyň we hormatlaýarsyň. Şahyryň edebi
mirasynyň arasynda ýüze golaý goşgy, üç poema, iki pesa, bir powest, köp sanly terjime eserleri
(diňe Puşkinden edilen terjime üç ýüz setire ýetýär), ençeme makala, doklad bar. Bularyň
hemmesi ýazyjynyň öndümli we hertaraply işlänine güwä geçýär. Şonuň üçinem Hojanepes
Çaryýewiň egindeşi, görnükli sowet şahyry Şaly Kekilowyň şo ýyllaryň gyzgalaňly işleri barada
gürrüň açyp bir gezek «Bu günler ýazyjy-şahyrlaryň köpüsiniň hyjuwly işleýän döwri. Ýöne
göwnüme bolmasa, Hojanepes Çaryýew bilen Ata Nyýazow has köp işleýän ýaly, olaryň haçan
ýatyp, haçan turanyny bilip bolanok, haçan görseň iş bilen gümra» diýeni hakykata laýyk gelýär.
4
“Sowet Edebiýaty”, nr.12, 1976
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
H. Çaryýewiň öz wagtynda bitiren işlerini ýazyjynyň işjeňligi we ýaşan döwrüniň aýratynlygy
bilen kesgitlemek bolar.
Hojanepes Çaryýew «beýik öwrülişik» ýyllarynda, sosialistik ykdysadyýetiň güýçli depgin bilen
ösýän döwründe edebiýat meýdanyna geldi.
Ykdysady durmuşyň güýçli ösmegi sosialistik medeniýetiň pajarlap ösmegine, çeper edebiýatyň
jemgyýetçilik rolunyň güýçlenmegine mümkinçilik döretdi. Sosialistik edebiýatyň wekilleri —
sowet ýazyjylary döwrüň talabyna mynasyp eserleri döretmeli boldular. Çalt depgin bilen ösýän,
öňe gidýän halkyň medeni talaplaryny kanagatlandyrýan çeper eserleri döretmek üçin ýazyjynyň hyjuwly işlemegi, ýadaman zähmet çekmegi gerekdi.
Hojanepes Çaryýew jepakeş we işjeňňir adamdy. Onuň bu häsiýeti ýaşlykdan döräpdi, ol
çagalykdan agyr durmuşyň kynçylyklaryny çekipdi we zähmet bilen bişişipdi.
Onuň kakasy/dädesi Çary aga bütin ömrüni pil depip geçiren adam. Suwuň gaty gyt wagytlaynda
hem häňňek-zat gazyp, ýagyş-ýagmyr suwlaryny saklaýar we arpa-bugdaý, gawun-garpyz ekip,
ölmez-ödi gün dolandyryp gelýär.
Ýäne 16-njy 17-nji ýyllaryň açlygy we şol ýyllarda dörän garahassalyk, ençeme beýleki
hojalyklar ýaly, Çary aganyň hojalygyny hem tozdurýar. Bu hakda H. Çaryýewiň maşgalasy
Abadan eje şeýle diýýär:
Pajygaly wakany maňa Hojanepesiň özünden uly aýal dogany Jeren eje aýdyp beripdi.
— «Meni gaýyn öýümden alyp gaýtdylar, ýöne birbada hiç zat aýtmadylar. Diňe atam öýüme
golaýlamda: «Siziň içeriňiz gutardy, ýöne gorkmagyň» diýdiler. Men ine, şondan, soň näme
bolanyny bilip galdym. Gelip görsem diňe kakam bilen jigim Hojanepes galan ekeni. Ejem
Ogultuwak. uýam Aýtuwak. doganym Hojamuhammet, onuň gelni Oguljahan dördüsi üç günüň
içinde garahassalyk zerarly ýogalypdyrlar eken».
Bu uly ýitgiden soň Çary aga esli wagtlap özüni tutup bilmeýär, hojalygyny dikeldip bilmeýär.
Munuň netijesinde Hojanepes «bagt gözläp »Bäherden stansiýasyna gelýär, demir ýola işe
geçýär.
Onuň işe berdaşly ýigit bolandygyny men ilki tanyş bolan günümiz aňypdym. Biziň hormatly
şahyr bilen ilkinji tanşan döwrümiz bolsa otuzynjy ýyllara düşýär.
1931-nji ýylyň iýul aýynyň ortalarydy. Biz Daşkentde institutda okaýardyk. Sagat iki töwereklerinde ýoldaşym merhum Hally Şahberdyýew ýanyma gelip:
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
Okuwyňy gutardyňmy?— diýdi.
— Hawa, ýaňyja gutardyk.
— Indi näme iş etmekçi bolýarsyň?
— Öýe gaýdaýmasam.
— Onda ýör, SAKU-a (Orta Aziýa Kommunistik uniwersiteti) gideli, men seni bir gowy adam
bilen, talantly şahyrymyz Hojanepes Çaryýew bilen tanyş edeýin — diýdi.
Meň onuň adyny eşipdim, emma özüni tanamaýardym. Şoňa görä, beýle teklibi üçin Halla
minnetdarlyk bildirip, yzyna düşdüm.
Hojanepes Çaryýew şol ýyllar Daşkentdäki Orta Aziýa Kommunistik uniwersitetiň metbugat
bölüminde okaýardy. Biz baranymyzda ol öz jaýlarynda leksiýalaryny göçürip oturan ekeni. Bizi
görüp, derrew ýerinden turdy, gadyrly görşüp, bize ýanyndan jaý görkezdi.
Men oňa syn etdim: ol uzyn boýly, boldumlaç ýüzli, eginlek, sagdyn ýigitdi. Buýra saçlary
togalak kellesini örtüp durdy, gözleri ýitidi, dykgatly seredýärdi, örän daşdan görýän ýalydy.
Elleri uludy we gurjurlydy, men görşenimizde, birden onuň ellerine seredenimi duýman
galypdyryn. Täze tanşym bolsa ony duýan ekeni.
— Beýleki myhmanlar ýüzüne seredegen bolýar, sen bolsa, halypa, meniň ellerime seretdiň —
diýdi. Onsoň özem ellerine seredip:
— Hawa, bu eller zähmet bilen berkändir. 16-njy, 17-nji ýyllaryň kynçylygy we garahassalyk
zerary ýüze çykan pajygaly ýagdaýlar bizi ýaman aljyratdy, uly maşgaladan diňe garry kakam
ikimiz galdyk. Onsoň men şähere gelip, demir ýola işe geçdim. O ýyl gyşam agyr düşdi, egineşiklerimiz bolsa ýukady. Üşemejek bolup bütin gün hereket ederdik. Ýola düşelýän şalmanlary
götermelidi, men bolsam entek ýaşdym. Iş gutaransoň, egnimi alyp bilmezdim, soň-soňlaram
egnim awap duran ýalydy — diýip, sag çignine seretdi. Onsoň ýene sözüni dowam edip:
— Ýöne weli onuň öwezine o ýerde men rus işçileri bilen tanyşdym, şolaryň kömegi bilen hatsowadymy çykardym, komsomola girdim, garaz durmuş ýoluna gadam basdym. Şonuň üçin men
ol ýönekeý, mähriban adamlara hemişelik minnetdar — diýdi.
Onsoň ol ýaňja demlän çaýyndan her haýsymyza bir käse guýdy-da:
Hany indi, seniň gezegiň. Meni öz durmuşyň bilen biraz tanyş et—diýdi. Men beýle soraga
garaşmandym, şonuň üçin bir- bada nähili başlajagymam bilmedim.
— Meniň terjimehalym örän gysgajyk. Kakamyz daýhan, siziň kakaňyz ýaly, hemişe ýer depip,
ekin ekip geldi. Bir käliň içinde tanap ýarym ýerimiz bardy. Ýerligi ýaman däldi, ýöne belentlipeslidi, suwarmak bir işdi. Kakam ony düzlejek bolup köp jepa çekdi, emma göwnejaý düzläp
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
bilmedi. Ýaňyrak traktor bilen düzlediler. Başda menem siziň ýaly atam-eneme kömekleşerdim.
Soň bolsa internada okuwa girdik.
Kakamyň inisi şäherde milisiýanyň naçalnigi bolup iş- leýärdi. Bir gün gulluk wezipesi bilen
Mara gaýtdy, şonda dogan- oglanym Gurban ikimizem özi bilen alyp gitdi we Marydaky Kemine
internadyna okuwa berdi. Bir ýyl okanymyzdan soň Tagta- Bazaryň özünde internat açyldy,
bizem soňra şoňa geçdik. Ony gutaranymyzdan soň bolsa, Daşkende gelip, INPORSA girdik. Bu
ýerde alty ýyl okap öten ýyl gutardyk.
Ol meniň sözümi üns berip diňledi. Onsoň:
— Ýok, seniň terjimehalyň kiçi däl, kyn şertlerde şunça ýyl jepa çekip okamak, bilim almak, ol
tutanerliligiň alamaty — diýdi.
Her bir zady başdan dogry başlamaly, ilki başda dogry başlanan işiň soňam köplenç gowy bolýar.
Adam soňam şol başdaky asylly däbine uýjak bolup çalyşýar. Şu jähtden men-ä seniň ýagdaýyňy
gowy gördüm. Geljekde hem işiň şowly bolsun — diýdi.
Biziň gürrüňimiz şu ýerik gelende, Hally Şahberdiýew:
— Näme diýseňizle, iň gowusy ýörüň bize gideliň. Meniň külbejigimem görersiňiz. Galan
gürrüňlerem şo taýda edäýeris — diýdi.
Biz üç adam bolup şähere çykdyk. Karl Marks köçesi bilen ýöräp barýarys, üçümiziňem
boýumyz, göwrämiz bir deňräk bardy ýöne Hally bizden sähelçe uzyndy.
Hywa köçesi bilen ýöräp, «Türkmen bazaryna» bardyk. Şo ýerden bir kilo et bilen bir azajyk
käşir aldyk-da, Hally Şahberdiýewiň jaýyna bardyk.
Onuň ýeke özi ýaşaýardy. Bir otagly kiçijik jaýy bardy, içinde «Meniňki bolsun» diýer ýaly zady
ýokdy: bir demir krowat, kiçijik stol, iki sanam köne oturgyç. Ýöne bularyň deregine onuň
kitaplary köpdi. Tekjeler, penjiräniň öňleri kitapdan doludy. Olaryň köpüsi sosiologiýa,
filosofiýa, sungata we dil-edebiýata degişli kitaplardy. Kitaplaryň köpüsi rus dilindedi, ýöne
tatar, özbek, türkmen, azerbaýdjan dillerinde ýazylanlary hem az däldi. Hally Şahberdiýew
kitaby köp okaýardy, sowatly adamdy.
Onsoň ol ýeňini çyzgap, palaw bişirmäge başlady. Birdenem oýunlyga salyp:
— Hojanepes, ýa goşgy düz ýa-da sogan art — diýdi. Onda Hojanepes Çaryýew:
— Iň gowusy men goşgy düzäýeýin, sogany aşpeziň özi dograsa gowy bolar — diýdi.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
Halla geregem şody, ol Çaryýewiň «Ýüzüniň ugruna» goşgy düzýän şahyrlardandygyny maňa
bildirmek isläpdi. Şeýdip, H. Şahberdiýew nahar bişirmäge başlady, men käşir dogramaga, H.
Çaryýew bolsa goşgy düzmäge.
— Haýsy temadan?
— Öwüt-nesihat temasyndan, «Göroglydan», Magtymgulydaýa başlaber.
Aradan bir sagat çemesi geçensoň, Hally daşarda nahar bişirip oturan ýerinden:
— Hojanepes ne beýle köp oturdyň, ýa zat çykanokmy?—diýip gygyrdy.
— Çykar-la, bir bendi galdy, ýene bäş-alty minut garaş — diýip, ýazmasyny dowam etdirdi.
Birazwagt geçensoň bolsa, ine şu setirleri okap berdi:
Bir kişi gapyňdan gelse,
Habaryn alyjy bolgun,
Ýa-ha uly, ýa-ha kiçi,
Ýüz berip gülüji bolgun.
Birisi ýagşylyk etse,
Nanyn berip, etin kesse,
Aradan kyrk ýyl hem ötse,
Ýerine salyjy bolgun.
«Ýagşy niýet-ýarym döwlet»,
Dostuň gelse etgin hyzmat,
Eger duşaýsa bir bihezzet,
Ýanyndan galyjy bolgun.
Ýaşulular ýüzleşende,
Içgin-içgin gözleşende,
Laga-laga sözleşende,
Manysyn biliji bolgun.
Ýagşy gülüň burky bardyr,
Aşygy nirde bimardyr,
Görseň oňa dünýä dardyr,
Derdini alyjy bolgun.
— Munyň-a boljak. Ýöne, dogry, kapyýalarynda käbir büdür- südürlik bar, olaram soňra
taraşlanyp giderd-ä.
Goşgy arap harpy bilen ýazylypdy. Men bäş-alty gezek içimden okap, ýat etdim. Soň Hally
Şahberdiýew:
— Bu goşgy elmydam biziň bu duşuşygymyzy ýatladyp durar diýip,epläp jübüsine saldy.
Goşgy okalýança naharam taýyn boldy. Hallynyň palawy oňat bolan ekeni, biz hezil edip iýdik we
öý eýesine minnetdarlyk bildirdik.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
Nahardan soň çaý içildi. Çaý başynda edebiýat barasynda hem gürrüň boldy. H. Şahberdiýew
meşhur türkmen ýazyjysy Berdi Kerbabaýewiň ýaňyrak özbaşyna kitap edilip çykarylan “Amyderýa” poemasyny görkezip:
— Okadyňmy?— diýip, Çaryýewden sorady.
— Hawa, okadym.
— Okan bolsaň, hany bu hakda seniň pikiriň nähili?
— Umuman poema maňa ýarady, gowy düzülipdir. Ýöne kemçilikleri hem ýok däl.
— Meselem?
— Meniň pikirimçe, eserde şekillendirilýän döwrüň sosial äheňleri ýeterlik görkezilmändir.
Ondan bu ýansynam, men ýörite bir zat ýazmak niýeti bilen okamamsoň, öz belliklerimi häzir
gowy aýdyp bilmesem gerek.
— Menem seniň pikiriň bilen ylalaşýaryn. Mundan başga-da poemany okanyňda, awtoryn
natural şekillendirişe has köpräk üns berenini duýýarsyň. Onsoň Hojanepes Çaryýew:
— Wagtam bir çen boldy, ertir bolsa hemmämiznň leksiýamyz bardyr, birneme taýynlansak
nädýär?— diýip, öý eýesinden rugsat sorady. Ol bizi tramwaýa barýança ýola saldy.
Ine, halkyň wepaly ogly, sowet edebiýatynyň görnükli wekili Hojanepes Çaryýew bilen meniň
ilkinji tanyşlygym şular ýaly ýagdaýda doganlyk Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde 43
ýyl mundan öň bolup geçdi we ömürlik ýatda hem galdy.
Soňra Hojanepes Çaryýewe birküç gezek gabat geldim. Hatda bir gezek bile teatra hem gitdik. Şu
hakda birki agyz aýtmaly, çünki bu duşuşygymyzyň edebiýat bilen we şahyryň keşbini
görkezmek bilen dahyly bardy.
Men sapagymy gutaryp, SAKU-yň okuw jaýyndan çykyp barýarkam, gapynyň agzynda Hojanepes
Çaryýew pete-pet geldi. Salamlaşdyk, saglyk-amanlyk soraşdyk. Onsoň ol:
— Şu gün agşam biz teatra gitmekçi, belki bile gideris? — diýdi.
— Gidäýeris.
Agşam men belleşen wagtymyz bularyň ýanyna geldim we hemmämiz birlikde teatra ugradyk.
Özbek döwlet drama teatry o döwürde köne şäherde bolýardy. Bize Hamza Hekimzadanyň
«Baý we batrak» eserini görkezdiler.
Men bu eser bilen öňden tanyşdym, şeýle hem bolsa üns berip diňledim, artistler örän
taýýarlykly ekenler, biçak gowy oýnadylar. Teatrda otyrkak käwagt bir gözümiň gytagy bilen H.
Çaryýewe seredýärdim. Ol dünýäni unudan ýaly, başdan-aýak gözüni gyrpman spektakla seretdi.
Diňe käbir özbekçe düşünmedik sözlerini ýuwaşlyk bilen menden soraýardy.
Oýun gutaransoň men ondan:
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
— Ýeri, nähili?— diýip soradym.
— Örän gowy zat, uly täsir galdyrdy. Batragyň onuň gelinliginiň we baýyň obrazlary üýtgeşik
işlenipdir, hiç ýatdan çykar ýaly däl. Umuman Hamza Hekimzada güýçli ýazyjy, men onuň käbir
zatlaryny okadym — diýdi.
Onsoň ýene sözüni dowam edip:
— Şu hili zatlary biziň öz durmuşymyzdanam görkezmek boljak. Ýöne biziň gowy
dramaturglarymyz entek gaty az — diýdi.
Ýolda men ondan:
— Siziň özüňiziň şular ýaly bütewi eserler ýazmak pikiriňiz ýokmy — diýip soradym.
— Bar, ýazyjy hemişe geljekde ýazjak zatlary barada oýlanmaly bolýar. Ýöne olary haçan we
nähili ýazjagymy entek açyk göz öňüne getirip bilemok. Geçmiş edebiýatymyzyň klassygy
Mollanepesiň meşhur «Zöhre-Tahyr» dessanyny sahnalaşdyrmagy niýet edýärin. Onsoňam
ýaşlykda adagly edilen bir gyzyň ykbaly barada eşiden bir sýužetim esli wagtdan bäri öz ugruma
goýanak. Şulary ýazyp bolaýsady...
Öňürti bilen, elbetde, okuwy gutaryp, sag-aman Aşgabada barmaly, galanyny hem şo ýerde
görüberýäs-dä.
Hojanepes Çaryýew Daşkentden 32-nji ýylda gaýtdy. Aşgabatda bolsa ol ýyllar edebiýat barada
ägirt uly işler alnyp barylýardy. Mälim bolşy ýaly 32-nji ýylyň aprel aýynda partiýanyň Merkezi
Komitetiniň «Edebi-çeperçilik guramalaryny üýtgedip gurmak hakyndaky» belli karary çykypdy.
Bu kararyň yz ýanyndan bolsa türkmen ýazyjylary tarapyndan uly joşgun bilen garşy alnan
Türkmenistan Kompartiýasynyň Merkezi Komitetiniň TSSR Sowet ýazyjylarynyň soýuzyny
döretmek baradaky karary bolupdy.
Partiýanyň kararlary we görkezmeleri sowet edebiýatyny mundan beýläk ösdürmek üçin
ýazyjylaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde ägirt uly guramaçylyk we döredijilik
wezipelerini goýupdy. Dessine ýazyjylaryň ýygnagy çagyrylyp, guramaçylyk komiteti düzülýär.
Guramaçalyk komitetiniň sekretarlygyna şahyr Şaly Kekilow saýlanýar, başlyklygyna bolsa
Hojanepes Çaryýew.
Şeýlelik bilen H. Çaryýew türkmen sowet edebiýatyny ösdürmek barada şo ýyllarda alnyp
barlan möhüm çöreleriň gyzgalaňly işleriň jümmüşine gelip goşulýar. Ol bir tarapdan
Türkmenistan ýazyjylar soýuzynyň guramçylyk işlerine ýolbaşçylyk etse, ikinji tarapdan, güýçli
depgin bilen ösýän sosialistik gurluşygyň talaplaryna laýyk çeper eserler döretmelidi. Bu
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
wezipeleriň hötdesinden gelmek üçin, ol öň hatardaky kommunist ýazyjy hökmünde tutanýerli
işlemelidi.
Men instituty gutaryp, Daşkentde ýene biraz wagt işledim, onsoň 34-nji ýylda bärik, Aşgabada
çagyryldym. Bu ýerde ped-tehnikumda we pedagogiki institutda edebiýaty okadyp başladym.
Aşgabada gelenimden soň ähli sowet halklarynyň edebiýaty ýaly, türkmen sowet edebiýatynyň
hem bir tarapdan pajarlap ösýändigine akyl ýetirdim. Ilki Merkezi Komitetiň 32-nji ýyldaky
karary, soňra ýaňy-ýakynda bolup geçen sowet ýazyjylarynyň Birinji gurultaýynyň kararlary,
gurultaýda A. M. Gorkiniň we A. Ždanowyň çykyp geplemeleri-bularyň hemmesi sowet
ýazyjylarynyň sosialistik realizm usuly esasynda sowet adamlaryna mynasyp eserler
ýazmaklaryna mümkinçilik döredipdi.
Türkmen ýazyjylary şu aralykda eýýäm ençeme çeper eserleri ýazýarlar. Bu döwrüde Hojanepes
Çaryýew hem öndümli işleýär, ol köp sanly goşgular bilen bir hatarda, Ş. Kekilow we M. Gylyjow
bilen şerikdeş «Garagum çöllerinde» diýen dramasyny döredipdi.
Kolhoz gurluşygyna we Sowet häkimiýetine garşy baş göteren kulaklary, basmaçylary derbidagyn etmekde gahrymançylykly söweşen kommunistleriň, komsomollaryň we sowet
esgerleriniň asylly işlerini wasp edýän bu drama öz wagtynda sowet tomaşaçylarynyň ünsüni
özüne çeken eserleriň hataryna geçdi.
Munuň yzy bilen H. Çaryýew özüniň köpden bäri arzuw edip gelýän temalaryna «Kohozçy gyzy»
pesasyny we dramasyny (dramaturg B. Amanow bilen birlikde) ýazmaga girişýär.
Ýaş wagtynda ata-enesi tarapyndan adagly edilen Doýduk diýen gyzy tymsal edip getirmek bilen
täzäniň könä garşy arlyşyksyz çaknyşygyny görkezýän «Kolhnz gyzy» eserini awtor 36-njy ýylda
gutaryp konkursa taşyrylýar. Ýaş höwesjeňler teatrlary üçin ýazylan eserleriň arasynda sylaga
mynasyp bolan «Kolhoz gyzy» pesasy kolhoz we raýon teatrlarynda üstünlik bilen görkezilýär.
Respublikanyň akademiki drama teatrynda uly üstünlik bilen görkezilen «Zöhre-Tahyr»
dramasy bolsa 36-njy ýyllaryň ahyrlarynda ýazylyp gutarylýar.
Şu aralykda awtor «Men garyp däl» poemasyn we ençeme liriki eserlerini ýazyp, köpçülige
hödürleýär. H.Çaryýew proza žanrynda hem öz güýjüni synap görýär. Ýazyjy kolhoz
durmuşyndan «Olara ölüm» diýen powestini ýazyp başlaýar.
Şeýlelik bilen 33-nji — 37-njy ýyllar H. Çaryýewiň döredijiliginiň hertaraply ösen, kämilleşen
ýyllary boldy.
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
Aşgabatda biz H. Çaryýew bilen birnäçe gezek duşuşdyk. Şolaryň birküç sanysynda edebiýat
bilen baglanyşykly gürrüň boldy.
34-nji ýylyň dekabr aýlarynyň ortalarydy. Men Ors bazaryna gelýärkäm, tötänden H. Çaryýewe
gabat geldim. Ol ýygnaga barýar ekeni. Biz salamlaşdyk.
— Ýeri onsoň, Daşkent illeri niçik?
— Oňatlyk, salam aýtdylar.
— Salam getiren sag bolsun. Daşkent uly şäher, medeniýetli we çörekli. Bärden baran adamlarda
oňat täsir galdyrýar.
— Bu aýdanyňyz-a dogrudyr, biçak gowy şäher. Biz-ä onda köpem ýaşadyk, halys öwrenişen
ekenik.
— Ýeri, siziň ýagdaýlaryňy .nähili, işleriňiz gowumy?
— Işler ýaman däl. Guramaçylyk işlerine ýetişer ýaly däl.
— Döredijilik işleriňiz nähili?
— Wagt boldugyndan-a ýazan bolýarys, ümsüm-ä oturamzok. Geçen ýyl goşgular ýygyndymyzy
çykardylar, okap görensiňiz?
— Hawa, okadym.
—Ýeri nähili?
— Birden aýtmak kyn, umuman, gowy täsir galdyrýar. Ylaýta-da «Garşylyk gansyz gutarmaz»,
«Hüjüm» goşgulary. Meniň düşünişim dogry bolsa, ýygyndydaky goşgular, dürli temalardan
ýazylmagyna garamazdan, köne durmuşa garşy gönükdirilen eserler. Köneçillige garşy
gönükdirilen pikirlerem bu ýerde ýöne bir sanalyp geçilmän, hüjüm edijilik häsiýetde berlipdir.
Şu jähtden ýygyndynyň syýasy-terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Dogry, ýygyndyda pesiräk düzülen
eserlerem ýok däl.
— Seniň aýdýanlaryň dogry, ýygyndydaky goşgular hakykatdanam täzäniň artykmaçlyklaryny
açyk görkezmekden, köne durmuşyň galyndylaryna garşy hüjüm etmekden ybaratdyr.
Ýygyndyda birtopar eser ýerleşdirilendir. Köp zadyň içinde oňatlary bilen birlikde, guraksy
ýazylanlarynyňam bolmagy tebýgydyr. Geljekde düzederis. Indi bolsa rugsat etseň, men gideýin.
Ýygnaga barýaryn. Soň bir ine-gana gürleşeris.
Biz hoşlaşdyk.
H. Çaryýew bilen biziň ikinji duşuşygymyz, edebiýat baradaky ikinji söhbetimiz aradan bir ýyl
geçensoň — 35-nji ýylyň ahyrlarynda boldy.
35-nji ýylyň ahyrky günleriniň birinde Aşgabat döwlet pedagogiki institutda edebiýatçylaryň giň
mejlisi boldy. Şoňa institutyň mugallymlargadan, studentlerinden başga ýazyjylaryň hem bir
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
topary gatnaşdy. Şolaryň arasynda Oraz Täçnazarow, B. Kerbabaýew, H. Çaryýew, Ş. Kekilow, B.
Soltannyýazow dagy bardy. Ýygnagy O. Täçnazarow açyp edebiýatymyzyň ýagdaýy hakynda.
ýazyjylarymyzyň iş planlary barada gürrüň berdi. Soňra ýazyjylar çykyp, öz eserlerinden
parçalar okadylar. B. Kerbabaýew «Ak altyn», O. Täçnazarow «Baýramaly», Ş, Kekilow «Azgyn»
poemalaryndan bölek okadylar.
Ýygnakda H. Çaryýew hem çykyş etdi. Ol ýokarda ady tutulan «Men garyp däl» poemasyny
ýazmaga başlandygyny aýtdy we terbiýe meselesine bagyşlap düzen «Wellek han» poemasyndan
bir bölek okap berdi.
Ýygnakdan soň men H. Çaryýew bilen görüşdim. Edil şo wagt şahyr Ş. Kekilow hem onuň ýanyna
geldi. H. Çaryýew meni Ş. Kekilow bilen tanyşdyrdy. Ol orta boýly, ak ýüzli, degişgen ýigitdi.
Hojanepes Çaryýew bilen biziň soňky duşuşygymyz 36-njy ýylyň tomus aýlarynda, şahyryň
«Men garyp däl» diýen täze poemasyny slýota/duşuşyga gelen kolhozçylara okap berenindeň üç
gün soň bolup geçipdi. Öňküler ýaly bu gezek hem salamdan soň edebiýat barada söhbet
başlanypdy.
— Ýeri, işleriňiz niçik?
— Işler ýaman däl ýaly. Kolhozlaryň bolşewik kolhozyna öwrülendigini, kolhozçylaryň günsaýyn
gurplanyp barýandygyny görkezmek maksady bilen düzen poemamy köpçülige eltip okap
berdim. Daşkentdäki arzuwlarymyzam birhili, hasyl bolan ýaly. «Kolhoz gyzyny» gutaryp, teatra
tabşyrdym. «Zöhre Tahyram» tamamlap ýörüs. Bulardan başga, edebiýatymyzyň dürli
meselelerine degişli käbir makalalaram ýazyldy.
— Tankydy makalaryňyz birsyhly çykyp dur, bu gowy zat, ýöne bize çeper eserlerem gerek.
Göwnüme bolmasa, siz bu ugurda soňky wagtlarda onçakly köp işlemeýän ýaly.
— Ahmal, geljekde göz öňünde tutarys-da. Indi meniňem saňa bir maslahatym bar — sen
ýazyjylaryň işine birneme ýakynlaşsaň nädýär? Men ýazmak-pozmak barada söz açýaryn. Sen
biziň döredijiligimizi okaýarsyň, şolar boýunça gazet-žurnallaryň sahypalarynda çykyş
ediberseň nädýär!
— Men entek ýaş-la, başararmykam?
— Näme başarman, hiç kimem muny enesiniň içinde öwrenenok. Ýazyberseň, bolubir.
— Men pikirlenip göreýin.
Onsoň men ýene özüm sorag berip başladym:
— Siziň geljekki planyňyz nähili?
Hojanepes Çaryýew
Türkmeni Öwreniş Merkez
— Edebiýat, barada käbir ýazjak zatlarym bar. Onsoňam şol powest («Olara ölüm») galyp
barýar, şony bir gutaryp, aradan aýyrmaly.
— Belki, siz ony roman edersiňiz?
— Görmeli-dä. Ilki bilen-ä şol powesti bir gutarmaly, galanynam soň görüberýäris-dä.
Emma ýazyja geljekki planlaryny iş ýüzüne geçirmek miýesser etmedi. Edebi-döredijilik
işiniň şeýle mertebä ýeten döwründe ol şahsyýet kultunyň pidasy boldy.
Halkyň wepaly ogly, talantly ýazyjy Hojanepes Çaryýewiň ölümi sowet edebiýaty üçin uly
ýitgi boldy.
******