baky kone

Transkript

baky kone
1
2
Sözbaşy ------------------------------------------------------------------------------------------ 5
ÖWÜT-NESIHAT HEM-DE SOSIAL MOTIWLI GOŞGULAR
1-Nesihat --------------------------------------------------------------------------------------- 16
2-Salyň seniň ---------------------------------------------------------------------------------- 17
3-Ötmezden owwal sürewer --------------------------------------------------------------- 18
4-Rast bolsa ------------------------------------------------------------------------------------ 19
5-Görmedigiň sözleme ----------------------------------------------------------------------- 20
6-Mestana begler ------------------------------------------------------------------------------ 21
7-Jyda eýledi ----------------------------------------------------------------------------------- 22
8-Gamgusarym ýok meniň------------------------------------------------------------------- 23
9-Kişim ýok meniň ---------------------------------------------------------------------------- 24
10-Güli begenmez ----------------------------------------------------------------------------- 25
11-Geçmezdem burun ------------------------------------------------------------------------ 26
12-Ýoldan aýrylsa ----------------------------------------------------------------------------- 27
13-Muhabbeti az olar ------------------------------------------------------------------------- 28
14-Agzalalyk agyr ile ýaraşmaz------------------------------------------------------------- 29
15-Aglap-eňräp diňmezmi? ----------------------------------------------------------------- 30
16-Dynç gerek --------------------------------------------------------------------------------- 31
17-Niçik zaman ekendir? -------------------------------------------------------------------- 32
18-Ýagşylyk kyl -------------------------------------------------------------------------------- 33
19-Ýat bolgan, mollalar ---------------------------------------------------------------------- 33
YŞKY-LIRIKI GOŞGULAR
20-Didämde jala, dilber ---------------------------------------------------------------------- 34
21-Ýola düşdüm ------------------------------------------------------------------------------- 35
22-Şirin jana ýetir ----------------------------------------------------------------------------- 36
23-Geler sallana-sallana --------------------------------------------------------------------- 37
24-Gahryň kyýamatdyr ---------------------------------------------------------------------- 38
25-Seniň derdiňden --------------------------------------------------------------------------- 39
26-Gel, başyňa döneýin ---------------------------------------------------------------------- 40
27-Içsem — öldürerler, içmesem — ölem ------------------------------------------------ 41
28-Ýyldyza bermen --------------------------------------------------------------------------- 42
29-Dilleriň seniň ------------------------------------------------------------------------------- 43
30-Seniň nerkes gözüňden ------------------------------------------------------------------ 44
31-Süze-süze geledir ------------------------------------------------------------------------- 45
32-Güller içinde -------------------------------------------------------------------------------- 46
3
33-Gyz ------------------------------------------------------------------------------------------- 47
34-Salam almadyň, gelin! ------------------------------------------------------------------- 48
35-Ýazylmyşdyr ------------------------------------------------------------------------------- 50
36-Gollar ýaraşar ----------------------------------------------------------------------------- 51
37-Ýarlyk gerekdir --------------------------------------------------------------------------- 51
38-Ustadyňa zülpüň -------------------------------------------------------------------------- 54
39-Ýarym otag içinde ------------------------------------------------------------------------- 55
40-Halym perişanyn görüp ------------------------------------------------------------------ 56
41-Bidat heý ------------------------------------------------------------------------------------ 57
42-Nigärimden habar ------------------------------------------------------------------------ 58
43-Bagry ýarany görseteý ------------------------------------------------------------------- 58
44-Gülzaryň eýlär aryzuw ------------------------------------------------------------------ 59
45-Ha ynan, ha ynanma ---------------------------------------------------------------------- 59
TEBIGAT HAKYNDAKY GOŞGULAR
46-Biziň daglaryň ----------------------------------------------------------------------------- 60
47-Gary bu dagyň ----------------------------------------------------------------------------- 61
48-Kirpi ----------------------------------------------------------------------------------------- 62
49-Köňli deýýusyň ---------------------------------------------------------------------------- 63
DÜRLI TEMADAKY GOŞUAR
50-Sen imdi ------------------------------------------------------------------------------------ 64
51-Habar almaga ----------------------------------------------------------------------------- 65
52-Şähriňize gelmişem ---------------------------------------------------------------------- 66
53-Bilmedim, balam! ------------------------------------------------------------------------- 67
54-Döwran elmydam ------------------------------------------------------------------------ 68
55-Sowal — Kätibi, jogap — Kasyt1-------------------------------------------------------- 69
4
56-Seniň üstüňde (Gökdepe hakda) ------------------------------------------------------- 71
1
‫قاصد‬
Mälim bolşy ýaly, Kätibi şahyryň ýaşan döwri bolan 19-njy asyrda Türkmenistanyň taryhynda
daşky feodal döwletler bilen uly çaknyşyklar bolup geçýär. Kätibiniň bütin ömrüni geçiren
ýerleri bolan Ahal jülgesi hem şol çaknyşyklaryň häli-şindi gaýta- lanýan ýerleri bolupdyr.
Sowuk çeşmeli daglaryň eteginde ýerleşýen Ahal obalary (Gyzylarbatdan Gäwerse çenli aralyk),
esasan, ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Emma goňşy feodallar bu ýerlerde ýaşaýan
Türkmenlere gün görkezmändirler. Ahaly özüne boýun egdirmek üçin Hywanyň häkimi
Muhammet-Rahym
hanyň
eden
wagşyçylykly
ýörişleri,
Köpetdag
eteginde
ýaşaýan
Türkmenleriň ýagdaýlarynyň has-da agyrlaşmagyna sebep bolupdyr. Basybalyjy hanyň Ahal
tekeleri bilen ilkinji çaknyşygy, baryp, 1812-nji ýylda2, Kätibi heniz dokuz ýaşlaryndaka bolup
geçýär.
Şundan soň, Hywa hany Ahal ilatyny ozüne doly boýun egdirmek üçin, aýgytly çäreler görüp
başlaýar: kethuda — aksakallary öz ýanyna çekip, şolaryň üsti bilen agalygyny berkitmäge jan
edýär. Emma hanyň bu syýasaty aňsat başa barmaýar. Ahallylar Muham- metrahymy özleriniň
hanlary hasap etmekden hem-de beýleki obalary talamak üçin, oňa nöker toplap bermekden
boýun gaçyrýarlar3.
Şu zerarly hanyň çozuşynyň yzy üzülmeýär. Bu ýyllarda Türkmenleriň beýleki uly
taýpalaryndan tekeleriň arasynyň üzňe bolandygy üçin, hany yzyna serpikdirmäge güýçleri
ýetmeýär. Hywa taryhçylary Munis bilen Agehiniň ýazmaklaryna görä, üznüksiz uruş netijesinde
Ahalyň käbir obalary düýpden boşap galypdyr. Hatda 1818-nji ýylyň aýaklarynda Arçmanda,
Durunda oba-da galmandyr4. Birnäçe ýerlerde bolsa, ekin meýdanlary torç edilip, galla ekinleri
ýakylypdyr5. 19-njy asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyrlarynda Hywa hany tarapyndan Ahal sebitleri
doly basylyp alynýar6.
Mundan soň, Muhammetrahym Ahal tekelerini, ylaýta-da, ýokary synp wekillerini öz maksatlary
üçin peýdalanyp başlaýar. Bu ýagdaý onuň Günbatarda Gürgen sähralaryna, Gündogarda Mary
töwereklerine aralaşmagyny ýeňilleşdiripdir.
Muhammetrahymdan soňky bolup geçen hanlar hem özbaşdaklyk üçin baş göteren Türkmen
taýpalaryny bakna etmek ugrunda dag eteklerine, Murgap boýlaryna häli-şindi çozuş edip
durupdyrlar. Şol çozuşlaryň iň ulularynyň biri Mädemin han tarapyndan geçirilipdir. Onuň
hüjümi 1855-nji ýylda Mary Türkmenleri tarapyndan yzyna serpikdirilipdir.
2
Türkmenisgan SSR-niň taryhy, I. T., ikinji kitap, Aşgabat, 1960, 76 sah.
TSSR taryhy, 76 sah.
4
Materialy po istorii turkmen i Turkmenii, T. II, 410 sah.
5
Şol ýerde, 403 sah.
6
TSSR taryhy, 79 sah.
5
3
1858—1861-nji ýyllarda Büjnürtdäki Eýran hany Japarguly hanyň gökleňleriň üstüne hem-de
Hemze Mürzäniň Mara eden çozuşlary Türkmen taýpalaryny aýak üstüne galdyrypdyr. Bu
uruşlar hem Türkmenleriň peýdasyna gutarypdyr.
Kätibiniň ýaşan döwründe bolup geçen iň uly taryhy wakalaryň biri — Türkmenistanyň
Russiýa imperiýasyna birikdirilmegidir. 1868—1885-nji ýyllar arasynda bolup geçen bu waka,
Türkmenleriň durmuşynda düýpli özgeriş döredipdir. Emma Türkmenistanyň Russiýa
birikdirilmegi aňsatlyk bilen bolup geçmändir.
Hywa hanlarynyň, Eýran şalarynyň häli-şindi gaýtalanyp duran çozuşlary netijesinde, Türkmen
topragynyň tozýandygyny Türkmenler bilýärdiler. Şonuň üçin hem Hazar tarapdan goşun sürüp
gelýän rus generaly Lamakin bilen Ahal ilatynyň wekilleri gepleşik geçiripdirler. Şonda tekeler
özleriniň rus raýatlygyna geçmeklige razydyklaryny aýdypdyrlar7. Emma belli jogap alyp
bilmändirler. Munuň üstesine-de «Patyşa generallarynyň we çinowniklerinin ulumsylygy, rus
lagerinde Türkmen wekilleriniň köp wagtda äsgerilmezligi hem-de patyşa häkimiýetleri
tarapyndan ulanylan her hili rekwizasiýalar/‫ جریمه‬we salgytlar, aýratyn-da düýeleriň, öýleriň we
azygyň goşun üçin zorluk bilen köpçülikleýin alynmagy, munuň özüniň kämahallarda gös-göni
talaňçylyga geçmegi,—bularyň hemmesi tekeler arasynda patyşa Russiýasynyň ozalky
tarapdarlaryny (şol sanda Dykma serdary, Nurberdi hany we başga birenteklerini) hem patyşa
hökümetinden daşlaşdyrypdyr we Russiýa meýletin birikmäge garşy bolýanlaryň pozisiýasyny
güýçlendiripdir»8. Elbetde, bu ýagdaý tötänden dörän hadysa däldi. Talaňçylyk hereketi patyşa
goşunynyň bir ofiseriniň ýa-da çinowniginiň şahsy sypatyny aňlatmaýardy. «Patyşa hökümeti
Türkmenistana goşun iberende rus we Türkmen halklarynyň bähbitlerinden ugur alman, özüniň
basybalyjylyk, kolonizatorçylyk dyryşmalaryndan ugur alýardy»9.
Şu hem-de şuňa meňzeş başga-da bir topar sebäpler, Ahalda patyşa goşunlaryna Türkmenleriň
ýaragly gaýtawul bermeklerine getiripdir. Patyşa goşunlaryna gaýtawul bermek üçin şol
döwürde hanlaryň, serdarlaryň, Türkmen aksakallarynyň bilen birlikde maslahaty geçirilýär.
Maslahatda rus goşunlaryny ahal jülgesine goýbermeli däl diýlip karar edilipdir.
Bu serdarlaryň, batyrlaryň atlary Kätibiniň «Seniň üstüňde»10 diýen taryhy eserinde duş gelýär.
Öweztagan-Kätibi ine şu ýokardaky ýaly taryhy wakalaryň janly şaýady bolup, Ahal sebitlerinde
ösüp ýetişen şahyrdyr.
Kätibi ýa-da molla Kätip şahyryň lakamy bolup, onuň ady Öweztagan. Ol goşgularynyň ahyrky
bendinde köplenç il arasynda ýörgünli bolan şu lakamlary getiripdir. Şonuň ýaly-da ol käbir
7
TSSR taryhy, 130 sah.
TSSR taryhy, 131 sah.
9
Şol ýerde.
10 Bu kitaby düzüji, şahyryň bu taryhy eserini bu ýygynda getirmegi unudypdyr. Biz onuň käbir
küpletlerini başga ýerden tapyp, kitapça goşduk. (A.Goli)
6
8
eserinde öz adynyň öňünden “misgin” sözüni-de ulanypdyr. Bu onuň özüni kiçigöwünli
adamlaryň hatarynda tutanlygyny görkezýär.
Öweztagan-Kätibi Bäherden raýonynyň Garagan obasynda dünýä inipdir. Bu barada şeýle
maglumat bar: «Meşhur şahyrlarymyzdan Öweztagan... tekeleriň togtamyş kabylasyndan ganjyk
şahasynyň çarykly diýen tiresindendir...»11.
Bu maglumaty şahyryň obadaşy hem-de onuň goşgularyny oňat bilýän Täçli Şadylyýew hem
tassyklaýar: «Kätibi garaýagyzraga-da daýaw adam bolupdyr. Ol oglan okadar eken. Özi şu
Bäherdeniň Garagan obasynda ýaşap, köplenç wagtlarda dört adam bolup gezer ekenler. Ol
goşgy aýdanda, ýanyndakylaryň hersi bir setirini ýazar eken. Olaryň arasynda hat ýazmaga
çöňňeräk, emelsizräk, Gylly molla atly biri bar eken. Kätibi goşgy aýdanda, öňdäki setirlerini
ýazyp ýetişip bilmeni üçin, oňa hemişe her bentde gaýtalanýan iň soňky setiri ýazdyr ekenler»12.
Şahyryň eneden doglan ýyly barada şu wagta çenli ýazylan makalalarda, okuw kitanlarynda,
hrestomatiýalarda onuň 19-njy asyryň birinji çärýeginde dünýä inendigi bellenilýärdi. Kätibiniň:
Müň iki ýüz sene kyrk bir wagtynda,
|
Bu zamanlar niçik zaman ekendir13—
diýip, 1241-nji hijride (1825-nji miladyda) döreden goşgusy ýokarky netijäniň dogrulygyny
görkezýär. Başgaça aýdanda, şahyr 1825-nji ýylda ýurdunda ýüze çykýan wakalary saýgarmaga
ýetişen adam eken. Emma Katibiniň haçan eneden doglanlygy barada bu anyk netije däl. Şonuň
üçin başga bir mysala seredip göreliň. Şahyr «Ýaşa gider sen» diýen bir şygrynda:
It ýylynda bolsaň ýigrim üç ýaşda,
Syçan ýyly ýigrim bäşe gider sene14—
diýip, öz-özüne ýüzlenýär. Eger-de müçe ýyllaryny owrüp, bu goşgynyň ýazylan wagtyny
tassyklasak, 1826-nji ýyla gabat gelýär15.
Diýmek, Kätibi 1826-njy it ýylynda 23 ýaşynda bolup, 1828-nji syçan ýylynda 25 ýaşa
ýetjekdigini aýdýar. Bu ýerden şahyryň 1803-nji ýylda dünýä inenligi belli bolýar.
Şahyryň aradan çykan wagty baradaky ozalky maglumat dogrulygyna galýar. Bu hakda Gökdepe
raýonynyň Söwütli obasynda oturan Öwezberdi Bagyr ogly şeýle gürrüň beripdir:
«Öweztagan-Kätibi Gökdepäniň soňkm urşunda ok degip ýaralanypdyr. Bir aý, kyrk
gün ganymat hem bolan, emma ok bedenden çykman eken. Soňra ýaranyň içinde
jerhet galany üçin, ýarasy ýene täzelenipdir.
11
Inw. № 34.
Maglumat 14/VII— 1957-nji ýylda Bäherdende ýazylyp alyndy.
13
Inw. № 56 «A».
14
Inw. № 56 «A».
15
M. Kösäýew. ýyl öwürmek. «Pioner» žurnaly, 1958, № 12.
7
12
Kätibi Şükür aga diýen bir garyndaşyna: «Eý Şükür aga, meniň ömrümiň tanapy
gysgaldy. Ölmezimden ozal bir ulaga mündürip, Gökdepe şäherini ýene bir görkez»
diýen. Şükür aga bolsa ony ýabysyna mündürip, Gökdepe şäherine alyp barypdyr.
Şonda Kätibi Gök- depe şäheriniň (galasynyň bolsa gerek — M. G.) üstüne çykyp,
«Seniň üstüňde» atly gazalyny aýdan. Ol gazal:
Ýykylmyş şähermiz — heniz oturmyş,
Şeýle horluk gördük seniň üstuňde—
setirleri bilen başlanyp:
Kätibi diýr, galdyk tükenmez dada,
Bizler ryswa bolduk ýakyna, ýada,
Bäş müňi hyrlyçy mergen piýada,
Şolary baýdyrdyk seniň ustüňde—
diýen setirler bilen gutarýar. Ondan soň, şahyr iki hepdä ýetmän dünýäden öten»16.
Maglumaty beren ýaşuly, Patyşa Russiýasy Gökdepe şäherini basyp alanda (1881) 14—15 ýaşly
ýetginjek oglan eken. Şonuň üçin Kätibiniň ölümi barada onuň aýdanlary has ähtibarlydyr.
Diýmek, Öweztagan-Kätibi 1803-nji ýylda dünýä inip, 1881-nji ýylda, 78 ýaşap dünýäden
ötüpdir.
Kätibiniň atasyna Artyk diýer ekenler. Artygyň Öweztagandan başga ogul perzendi bolmandyr.
Muny şahyryň ýekeliginden zeýrenip ýazan setirlerinden hem görmek bolýar:
Katibi diýr, ýeke17 bolsaň,
Uly bolman, üke bolsaň,
Goluň ýetmez hiç bir ýere,
Bir atadan ýeke bolsaň18.
Şahyr öz obalaryndan Annagözel diýen gyza öýlenipdir. Ömrüniň ahyryna çenli şu başdaş
ýoldaşy bilen ýaşapdyr. Bulardan Ogulnur atly gyz bilen Ata19 diýen ogul galýar.
Kätibiniň maşgala durmuşy barada onuň agtygy Annagözel takyk maglumatlar berýär. Onuň
aýtmagyna görä, Öweztagan-Kätibiniň ogly Artykdan (Atadan) iki gyz, bir ogul galýar. Ata
oglunyň adyna öz kakasy Kätibiniň adyny dakýar. Uly gyzynyň adyna dogany Ogulnuryň, kiçisine
bolsa ejesi Annagözeliň adyny goýýar.
16
Inw. № 1055, 1505
Eke= erkek dogan, üke=aýal dogan. Bu goşgy hem bu ýygynda alynmandyr. (A.G)
18
Inw. № 56 «A».
19
Ata kakasyna çalym edensoň, oňa oba arasynda Artyk aga diýer ekenler.
8
17
Galan at dakylany üçin Atanyň ogly Kätibä Kakaly diýer ekenler. Ol Watançylyk urşuna gidip,
näsaglap gelipdir, soň inçekeselden aradan çykypdyr. Onuň yzynda galan ogly häzir (1963) 34
ýaşa ýeten Amangeldi Aşgabadyň kerpiç zawodynda işleýär.
Şeýlelikde, Kätibiniň oglundan iki gyz galyp, olaryň ulusy Ogulnur Baýramalyda, kiçisi, şu
maglumatlary aýdan Annagözel bolsa Aşgabadyň «Watutin» köçesiniň 8-nji jaýynda ýaşaýar.
Öweztagan-Kätibiniň ogly Artyk (Ata) ýetmiş ýaşdan agyp uruş ýyllarynda aradan çykypdyr.
9
KÄTIBINIŇ MAŞGALASY
Şahyryň döredijiliginden görnüşi ýaly, ol döwrüniň ýokary okuw jaýlarynyň birinde okapdyr.
Bilim almak maksady bilen Buharada, Hywada bolupdyr. Şol şäherlerdäki medreseleriň haýsyda bolsa birini gutaryp, obalarynda oglan okadypdyr.
Kätibiniň goşgularynyň köp essesini söýgi lirikasy tutýar. Bu, elbetde, düşnükli zat. Ýarym
feodal — ýarym patriarhal/‫ پدرشاهی‬jemgyýet gurluşynda ynsanyň päk duýgusy basgylanýardy.
Şonuň üçin söýmäge, söýüşmäge hukuk berilmeýärdi. Hemme zady baýlyk — pul çözýärdi. Dulgyzlar adam hasabynda görülmän, haryt hökmünde satylýardy. Asyrlar dowamynda üýtgemän
gelýän bu düzgün köp pidalaryň ýüze çykmagyna, ençeme gözlerden ganly ýaşlaryň akmagyna
sebäp bolýardy.
Öz söýen gyzyna ýetmek ugrunda dürli ýollar agtaran Kätibi-de kän kynçylyklary başyndan
geçiripdir:
Bilmenem dünýäde eder işimi,
Ýolunda goýmuşam garyp başymy,
Hesretinden gözden ganly ýaşymy,
Saçsam — öldürerler, saçmasam — olem20!
Maksadyna ýetmek üçin ähli güýjüni sarp eden şahyr ýaşaýan jemgyýetiniň ýagdaýyna belet,
Azat söýginiň duşmanlary ýaş ynsanlaryň erk-isleginiň öňüne böwet bolmak üçin göreşýärler.
Şol zerarly, olar hiç wagt şahyryň yzyndan galanoklar:
Şum rakyplar kowlar görüp yzymdan,
Gaçsam — öldürerler, gaçmasam — ölem!
Bu Kätibini agyr ýagdaýa salýar. Ol söýgülisinden aýrylmagy kölden aýrylan sona bilen, ýoldan
azaşan kerwen bilen deň görýer:
Kätibi diýr, ahy-pygan eýleýip,
Sona, suksur kimin kölden aýrylyp,
Azaşgan kerwen men, ýoldan aýrylyp
Göçsem — öldürerler, göçmesem — ölem!
Şahyryň özi barada aýdýan bu sözleri döwrüniň hemme ýigitleri, gyzlary üçin mahsus bolan
hökümdir. Şoňa göre, Kätibiniň bu aýdanlaryny giň manysynda düşünmek gerek.
Emma şahyr öz şahsy durmuşyny, herniçik-de bolsa, özüçe gurupdyr. Bu barada «Salam
almadyň gelin» diýen gyzykly bir aýdyşygy ýatlamak ýeterlikdir. Goşgynyň mazmunyndan belli
bolşy ýaly, Kätibi bir iş bilen haýsy-da bolsa daş ýurtlaryň birine gidýär. Aýlar-ýyllar geçýär. Bir
10
20
Inw. № 1505.
wagtdan soň öýüne dolanyp, ýola garap oturan gelnine salam berýär. Gelni onuň salamyny
almaýar. Şonda Kätibi:
Uzakdan ýanyňa geldim salama,
Neçün bizden salam almadyň, gelin?
Her sözümde çeken ahy-nalama,
Pähm eýleýip, gulak salmadyň, gelin?!21 —
diýip, onuň salam almaýanlygynyň sebäbini soraýar. Gelin bolsa «myhmana», «Hatyrjem bol,
indi salam alynmaz», «Onuň üçin meniň janymy ýakyp oturma» diýip, kinaýaly jogap berýär.
«Myhman» uzak ýoldan köp horluklar çekip gelende, söýgülisiniň bezenip öňünden çykmagyny
tama edendigini aýdýar. Bu tamasy çykmansoň:
Owwalda ähdimiz bolsa arada,
Ol wadaga wepa kylmadyn gelin—
diýip, gelniniň çetine degýär. Gelin bu sözi ýokuş görýär. Çünki ol ençeme aýlap-ýyllap ýarynyň
sarpasyny tutup, hatyrasyny saklap, garaşyp oturypdyr. Şonuň üçin «düýe öz boýnunyň
egriligini bilmän, ýylana egri diýer» diýlişi ýaly, «myhmany» öz günäsini bilmezlikde aýyplaýar.
Has dogrusy, günäni onuň öz üstüne ýükleýär:
Meni diýip, bolsaň, sergezdan-sepil,
Sakladym hatyryň niçe aýu-ýyl.
Ähdi bozan biwepalar kimdir bil,
Her kimsäniň, öz günäsi bilinmez.
Şumlukda, bir meýdan gürleşenlerinden soň, «myhman» söýgülisiniň öýkelänligini duýýar. Onuň
ýüreginden turup, öýkesini ýazmak üçin, dürli ýollar agtarýar. Ahyrda ýene-de öňki «heňine»
tutup ugraýar. Aryp-ýadap geleniniň üstesine habar-hatyr soralman, ugry idelmän oturyşyna
kemsinýändigini ýalbaryp duýdurýar:
Aryp geldim, aýralyga çydalman,
Har bolup oturdym, ugrum idelmän,
Nämedir sebäbi, aýgyl uýalman,
Bezenip ýanyma gelmedin, gelin.
Bu sözden soň gelniň «myhmana» rehimi inýer. Öýkesi ýazylýar. «Tanamandyryn, şonuň üçin
hem myhman alyp bilmedim» diýip ondan ötünç soraýar. Ahyrda bolsa, näçe aýralyk çekse-de,
11
21
Kätibi. Saýlanan goşgulary. Aşgabat, 1943, 45 sah.
biwepalyk etmejekdigini, özüni başgalara rowa görmejekdigini beýan edip «myhmany» garşy
alýar:
Bibijemal22, gubar alypdyr gözüm,
Pyrak uzak çekdi, soldy gül ýüzüm,
Başgalara rowa görmenem özüm,
Bir senden özgeýe hyzmat kylynmaz.
Kätibiniň öz gelni bilen eden gürrüňini şygyrda ýazmagy, ozaly bilen, onuň degişgen, şähdaçyk
adam bolanlygyny görkezýär. Galyberse-de, bu aýdyşygyň üsti bilen Kätibiniň öz gelnini hiç bir
weçden kemsitmän, oňa durmuş ýoldaşy, hakyky ynsan hökmünde gara:nlygyny bilmek bolýar.
Şahyryň gumanizmi hem şundadyr.
Ozal belleýişimiz ýaly, 19-njy asyryň birinji ýarymynda Ahal jülgesi, esasan, Muhammetrahym
hanyň elinde galypdy. Han bu ýerlerde öz «tertip-düzgünini» girizip, ýerli ilatdan salgyt alýardy.
Salgytdan boýun gaçyran adama jeza berilýärdi. Käte bolsa bu hili adamlar Hywa sürgün
edilýärdi. Gepiň gysgasy, oturymly ilat öz erkine ýaşamakdan mahrumdy. Türkmenleriň güngüzeranlary çydap bolmajak ýagdaýda ýetipdi. Töwereginde bolup geçýän wakalary gözi bilen
görüp, gulagy bilen eşiden Kätibi il-günüň parahat ýaşamak hakyndaky islsgine sesini goşman
durup bilmändir. Ol:
Arkaça gaçandyr dort ýabyň weji —
Akdepe aragan, Mehin, Ýarajy.
Her kimiň oz ýurdy ozüne süýji.
Garyplara oturmaga dynç gerek—
diýip, «weji gaçan» Türkmen obalarynyň bagtsyzlygyny ýüregi awamak bilen suratlandyrýar.
Şahyr agzybirligi döwletliligiň alamaty hasap edipdir. Dogrudan-da, Hywa hanlary Etek
galalaryny tozduryp ýörkä, Eýran şalary Etrek, Sumbar boýlaryndaky Türkmenleri
çapawullaýarka, Buhara emirleri Lebap Türkmenlerini ýesir edip äkidýärkä, ýurduň daşyndan
abanan bu uly güýjüň garşysynda durmak üçin, pytraňňy taýpalaryň agzybirlikde ýaşamagy
gerekdi. Şonuň üçin birleşmsgiň ähmiýetine düşünen şahyr:
Agyzlary bir gerek, döwletli ilat,
Agzalalyk agyr ile ýaraşmaz —
diýip, döwürdeşlerine maslahat berýär. Kätibi il bähbidi üçin haýsy işiň başyna barylsa, oňa
watandaşlarynyň jany-teni bilen ýapyşmaklaryny ündeýär.
12
22
Bibijemal adyny şahyryň şertli ulanan bolmagy mümkin.
Şahyryň söýen kärleriniň biri aw awlamak bolupdyr. Ol, Garagan obasynyň ilersinde
hellewleşip oturan daglara ýygy-ýygydan gatnapdyr. Dury suwly, durna gözli sowuk çeşmeleriň,
akar suwlaryň başynda oturyp, gözel tebigat hakynda çeper goşgular döredipdir. Bu goşgulary
okanyňda Kätibiniň öz ýurdunyň tebigatyny çyn ýürekden söýen watançydygyna göz
ýetirýärsiň:
Ter öleň sowuk çeşmesi,
Bar, begler, biziň daglaryň.
Ýüz müň näzu-kereşmesi,
Bar, begler, biziň daglaryň.
Kätibi hem klassyky edebiýatymyzyň beýleki wekilleri ýaly, 2, 4, 5 setirli gazal, dörtleme,
bäleme goşgy formalaryny ulanypdyr, diliň çeperçilik serişdelerinden geregiçe peýdalanypdyr.
Olardan sinonimler, antonimler, giperbolalar/‫اغراق‬, epitetler/‫ لقب‬has- -da köp duş gelýär. Emma
Kätibide «ýaly», «kimin», «dek», «meňzeş» kömekçi sözleriň üsti bilen ýasalan meňzetmelere
juda seýrek duş gelinýär. Onuň deregine giperbolalaryň dürli formada ulanylyşlary köp:
Dilber, janym alan gara gözleriň,
Atarat23, Müşteri ýyldyza bermen.
Älemi gark eden husnuň şuglasyn,
Bahar wagtyndaky gunduza24 bermen!.
Bu ýerde gyzyň gara gözleri ýyldyzdan, ýüzüniň şöhlesi bolsa gunduzdan ýokarda goýulýar.
Şahyryň eserleriniň köpüsinde pikir gös-göni obýekte gönükdirilipdir. Olarda diliň çeperçilik
serişdeleriniň çylşyrymlylyklary duş gelmeýär:
Her zaman wasp etsem köňül joşunda,
Lember-lember bulut oýnar başynda,
Toty, gumry tagat çeker daşynda,
Abaý bilen gürler şiri bu dagyň.
Şu hili sadalygyň Kätibiniň ähli goşgularyna diýen ýaly häsiýetli alamat bolanlygy üçin, onuň
çeperçilik serişdelerini ulanyşy hakynda ýeke-ýeke durup geçmekligi makul görmedik.
Kätibiniň ussatlyk bilen ýazylan rubagylary bar. Olarda şahyr hiç hili ulaltmany, kiçeltmäni
ulanman, sözüň hakyky manysynda pikirini beýan edýer:
23
‫ سیاره آدی‬-‫عطارد‬
Gyralara tokaýlyk derýalarda ýaşaýan we balyk, leňňeç, gurbaga we ş. m. bilen iýmitlenýän
gymmatbaha derili kiçijik haýwan.-- Çuw ak.
13
24
Kätibi diýr bizden gaç,
Öňde görseň, yzdan gaç,
Bir-ä tamakinlik etme,
Bir-de ýaman sözden gaç.
Mälim bolşy ýaly, Türkmen klassyky edebiýatymyzda (ýazuw edebiýaty göz öňünde tutulýar —
M. G.) şu hili rubagylar bilen çykyş eden şahyr ýok diýen ýalydyr. Häzire çenli çap edilip
çykarylan ýygyndylaryň birinde-de Kätibiniňkä meňzeş rubagylar duş gelmeýär. Diýmek, şahyr
bu formada eser döretmäge 19-njy asyrda ilkinji synanyşanlaryň hatarynda durýar. Dogry, halk
döredijiliginiň läleler, huwdüler, mon- jugatdylar ýaly görnuşlerinde bu hili forma bar. Emma
gep bu ýerde Kätibiniň Gündogaryň gadymdan gelýän şygyr formasyny Türkmen klassyky
edebiýatyna özüçe girizmegindedir. Adatça rubagylar on bir bogun bolup, awtorlarynyň atlary iň
soňky setirlerde getirilýär. Emma Kätibi ony öz «galypyna» salyp, adyny hem hemişe ilkinji
setiriň başyndan getirýär:
Kätibi diýr, gülüp säzle,
Gülme, ýagşy bilip sözle,
Duşmandan bilik25 sormagyl,
Dosta geňeş salyp sözle.
Bu hili rubagylary ýazmakda Kätibiniň özüniň «gönüden-göni, öz eli» bar. Şahyr ilki ol, ýa
beýleki zady doly tassyklaýar. Ýagny onuň gerekligini inkär etmeýär («Kätibi diýr, gülüp sözle»).
Soňra bolsa okyjysyny oýlanmaga mejbur edýär («Gülme, ýagşy bilip sözle»). Ahyrda hem
özüniň aýtmak isleýän pikirini jemleýär («Dosta geňeş salyp sözle»), Beýleki rubagylar şu stilde
ýazylypdyr. Bir mysal:
Kätibi diýr, gülen ýagşy,
Gülküsi hem bolan ýagşy,
«Ber» diýip, kişä barandan,
Abyraýly ölen ýagşy.
Şahyryň gysga setirli, çuň manyly rubagylar döretmegi hem-de şu usulda döwürdeşlerine öwütnwsihat bermegi onuň döredijiliginiň aýratynlygydyr.
Biz ýokarda Öweztagan Kätibiniň ömri hem-de döredijiligi barada gysgaça gürrüň berdik.
Klassyk şahyrlarymyz bilen birlikde Kätibiniň gola düşmedik şygyrlaryny toplamak işi mundan
14
beýlek hem dowam etdirilýär.
25
Bilik= Bu gadymy söz, maslahat, geňeş manasynda. Bu söz Kaşgarlynyň “Diwan”ynda hem bar.
Redaktor Sary Goklaniniň durmuşy hakda kelamagyz:
15
Aşgabatda çap bolan “Kätibiniň” daş görnüşi
SAÝLANAN GOŞGULARY
ÖWÜT-NESIHAT HEM-DE SOSIAL MOTIWLI GOŞGULAR
NESIHAT
Kätibi diýr, bizden gaç,
Öňde görseň, yzdan gaç,
Bir-ä tamakinlik etme,
Bir-de ýaman sözden gaç.
Kätibi diýr, ogurlyk kyl,
Ýok, ony etme, dogrulyk kyl,
Eşidip, görinçä bet işni,
Hem kör bol, hem sagyrlyk26 kyl.
Kätibi diýr, dünýe öter,
Gel, barçasyndan el göter,
Akyl özün akmak biler,
Akmak özün akyl tutar.
Kätibi diýr, gülün sözle,
Gülme, ýagşy bilip sözle,
Duşmandan bilik sormagyl,
Dosta geňeş salyp sözle.
Kätibi diýr, gülen ýagşy,
Gülküsi kem bolan ýagşy,
«Ber» diýip kişä barandan
Abyraýly ölen ýagşy.
Kätibi diýr, eke bolsaň,
Owal bolmaý, üke bolsaň,
Goluň ýetmez hiç bir ýere
Bir atadan ýeke bolsaň.
Katibi diýr, özüm ýaman,
16
Dilim ajy, sözüm ýaman,
26
Ker bolmak.
Nämähreme nazar kylyp27,
Bir-de meniň gözum ýaman!
SALYŇ SENIŇ
Köňlüm, gam bilen dünýäden
Geçer mahy-salyň seniň.
Bilmenem, iki älemde
Niçikdir ykbalyň seniň.
Bahyla bolma hemnişin,
Datma onuň duzun-aşyn,
Kifaýa kyl kişi işin,
Bir gün düşer ýoluň seniň.
Hoş sözlegil dahanyňdan,
Il gülüp gitsin ýanyňdan,
Ýeg bolsun şirin janyňdan,
Dogan-gardaş, iliň seniň.
Garyplaryň halyn sorgul,
Hümmet gorun bile urgul,
Dirilikde berewergil,
Bile gitmez malyň seniň.
Eliň berseň töwekgele,
Gözüň nazar etmez solaga,
Kätibi diýr, ulus-ile,
Yza berdi diliň seniň.
17
27
«Nämähreme nazar edip»
ÖTMEZDEN OWWAL SÜREWER
Dostlar, dünýeniň sapasyn
Ötmezden owwal sürewer,
Ajal çäki — giribanyň
Tutmazdan owwal sürewer.
Gidersen dünýäden göçüp,
Ýatarsen gara ýer guçup,
Bir aždarha agzyn açyp,
Ýutmazdan owwal sürewer.
Ahyret bolsun myradyň,
Pitnedir maly-öwladyň,
Bu pany dünýaden adyň,
Ýitmezden owwal sürewer.
Hak ýolunda dogry durup,
Gelen açlara nan berip,
Gara ýer goýnuna girip,
Ýatmazdan owwal sürewer.
Kätibi diýr, men biperwa,
Bolup men aşyky şeýda,
Ömür—keşdi, ajal derýa
18
Batmazdan owwal sürewer.
RAST BOLSA
Eý agalar, hup ýigidiň nyşany
Dahanyndan çykan sözi ras bolsa.
Ýigit ol geýmese tekepbir dony,
Başy dagdan belent, köňli pes bolsa.
Jan içre nebs atly bir ataş bolar,
Şoňa uýan abyraýdan daş bolar,
Il içine çyksa, awy aş bolar,
Her kişiniň ýüzi şütür-pust28 bolsa.
Bahyl maly tutar dagy, düz bile,
Iýjek nanyn ölçäp bişir göz bile,
Muhannesi tanyp bolmaz göz bile,
Mälim edir myhmanynda pes bolsa.
Uzak ýola ýoldaş bolsaň saparda,
Özün mälim eder, bilinmez horda29
Ýagşy-ýaman beýan eder şol ýerde,
Lebzine zeň çykar30, içi mis bolsa.
Tagna edip ýetmez bir niçe görip,
Matamda sypa bol, meýlisde aryp31,
Şol gün baýdan gaýra diýmezler garyp,
Söweş güni meýdan içre mes bolsa.
Serinden serpilip, dumany gitmez
Pikir peýda bolar, gijeler ýatmaz,
Özün bezär, ojagyna seretmez
Ol hatyn öýünden bi-höwes bolsa.
Kätibi diýr, bir gün ýoluksa döwran,
Döwran sagadynda köpdür gadyrdan,
Bir gün üstüň bassa agyr seňňistan32,
Her kim peýan eder, çyndan dost bolsa.
28
Düýe hamy, ýüzi suwsyz, utançsyz adam. (A.G)
Horda=‫ ُخرده‬, ownukçyl adam.
30 Sözi dereksiz adam.
31 Aryp=‫عارف‬, dana
32 Dag ýaly agyr bir zat.
19
29
GÖRMEDIGIŇ SÖZLEME
Bizden öňkülerden galan söz bardyr,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Eşder-görer, gulak bardyr, göz bardyr,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Nasyglaryň33 nesigatyn aňlagyl,
Alymlaryň gelip ylmyn buňlagyl,
Arzym budur, meniň pendim diňlegil,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Nasyglaryň nesihatyn alawer,
Nebsi şeýtan güýçli, häzir bolawer,
Başa bela dilden geler, bilewer,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Aýyplaşsaň, seniň aýbyň açarlar,
Dostuň-ýaryň ülke salyp gaçarlar,
Rebbena uýgyl başyňa rahmet saçarlar,
Gördügiň ört, görmedigiň sezleme.
Oýun gurma hatyn bile, baş bilen,
Agyryşmagyl deňiň bile, duş bilen,
Ne işiň bar ýagşy-ýaman iş bilen,
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
Kätibi, sen yzla rahy34 hakykat,
Kabul etgil herne diýse şerigat,
Sen kimdir sen, halka berip nesihat?
20
Gördügiň ört, görmedigiň sözleme.
33
34
Nasyh bolmaly, nesihat beriji. ‫( ناصح‬A.G)
Rah=Ýol
MESTLNA BEGLER
Pany dünýä şum ajalyň elinden,
Gezmedi bir niçe mestana, begler.
Baýu-garyp niçe şalar, gedalar,
Şuňa gelen galar armana, begler.
Ajal ýakaňdadyr, mydam hemdemiň,
Tutsa, çäre ýokdur, bolmaz hemdemiň,
Ölçegli rysgalyň, sanalgy demiň,
Çeýnegeniň, belki, gümana, begler.
Her kim ady çyksa atdan, gylyçdan,
Yzzaty egsilmez ozalda başdan,
Haraý ýokdur ogul-gyzdan, gardaşdan,
Ajal gelip dolsa, peýmana begler.
Garyplyk bir bela, käýider jany,
Deňi-duşdan aýra salar merdany,
Ýoklukda kem bolsa suprada nýny,
Goç ýigit gam çeker mydama, begler.
Nämakulyň makul sözi bitiler,
Her meýlisde, ilde adyň tutular,
Ýamanyň ýapylyp, ýagşyň aýdylar,
Dowlet gelse her bir ynsana, begler.
kbaly keç bolsa, her bir ynsana,
Haýryň şere döner, peýdaň zyýana,
Sözüňi almazlar hdsaba-sana,
Eger aklyň ýetse jahana, begler.
Bäş günlük ömür bar, ýüz müň hyýal bar,
Dünýä — doýmaz dolmaz, ýalmawuz aždar,
Söz bir dürdür, akyl aňa hyrydar,
Bir gury owazdyr nadana, begler.
21
Kätibi, bolmaz iş bolar oýlama,
Diş bir gala, dil bir bela, söýleme,
Ýeke görüp, merde sütem eýleme,
Ýa alar, Ýa berer merdana, begler.
JYDA EÝLEDI
Hasrat bilen günüm-aýym ötürip,
Pelek meni ýardan jyda eýledi.
Gowgaly serimden huşum ýitirip,
Mysapyr ýerlerde geda eýledi.
Şikaýat eder men gahba pelekden,
Ýar owazyn defg35 eýledi gulakdan,
Bir işim bitmedi, ýüz müň dilekden,
Bul kimiň hajatyn rowa eýledi.
Mydam işiň hile-tezwir bilendir,
Bu gün gelen saňa taňla36 ölendir,
Ynanman kowluňa, sözüň ýalandyr,
Bu ýalançy kimge wepa eýledi.
Kimse şalyk kylar, ilden illere,
Kimse Mejnun bolup, çykar çöllere,
Kimi saýýat bolup, gezip köllere,
Sona-gaz dek ýüz mün yza eýledi.
Nije gezer ulus-ilden aýrylyp,
Bir nijeler başdan, maldan aýrylyp,
Bir niçe bezirgen ýoldan aýrylyp,
Suwsuzlykdan halyn pida eýledi37.
22
35
Defg= Daş etmek, uzaklaşdyrmak.
Taňla=Ertir, ol bir gün.
37 Bu goşguda şahyryň ady getirilmändir.
36
GAMGUSARYM ÝOK MENIŇ
Kadyr alla, gamym yzhar etmäge,
Bu dünýäde gamgusarym ýok meniň.
Başym alyp ýar ýurduna gitmäge,
Aşyk bolup, namys-arym ýok meniň.
Gara bagtym gaflat içre oýanmaz,
Neýläýin myradym çyragy ýanmaz,
Diýgen sözlerime hiç kim ynanmaz,
Il içinde ygtybarym ýok meniň.
Ahy-pygan dartyp ömrüm ötürdim,
Gowgaly serimden huşum ýitirdim,
Ýigrimi üç ýaşaýyp, nalyş bitirdim,
Aglamakdan özge kärim ýok meniň.
Aşyk bolup, ýete bilmeý wysala,
Her günde gider men ýüz müň hyýala,
Kapas içre galyp, eýlerem nala,
Andalybam38 gülgüzarym ýok meniň.
Kätibi diýr, iki jahan seniňdir,
Şemsi, Kamar arzy-asman seniňdir,
Murda jismim, bu hasta jan seniňdir
23
Senden özge hiç mydarym ýok meniň.
38
Andalib= Bilbil
KIŞIM ÝOK MENIŇ
Kadyr alla, sen-sen puşdy-penahym,
Senden özge hiç bir kişim ýok meniň.
Ýar waspydyr, dilde pikrim-senahym,
Ondan gaýry hiç bir işim ýok meniň.
Lutfyň bilen hasta janym sormasaň,
Ýamanlardan ýagşylarga garmasaň,
Rehm eýleýip, söwer ýarym bermeseň,
Nalyş edem, ýazym-gyşym ýok meniň.
Ýar gelmese, gözde ýaşym sylmaga,
Ygtyýarym ýokdur oýnap-gülmäge,
Perişan halymdan habar almaga,
Iller içre deňim-duşum ýok meniň.
Dünýäniň gowgasy koňlum öldürdi,
Gira gözlerimi gana doldurdy,
Gam hazany gül dek meňzim soldurdy,
Gamgusarym, kowum-hyşym ýok meniň.
Kätibi diýr, çekip jebri-jepany,
Görelmedim serwi boýly jenany,
Telbelikden bilmän ýagşy-ýamany,
24
Diwana men, akyl-huşum ýok menin,
GÜLI BEGENMEZ
Zemistanda gezen zagy-zagçalar,
Horram bolan täze güli begenmez.
Agzy bilen toprak tartyp murçalar,
Güýçlülik babynda pili begenmez.
Hekek saýrap özün: «Muşy-per biler,
Ner ýok ýerde, göhert özün ner biler,
Eý ýaranlar, är gadyryn är biler,
Özünden özgäni däli begenmez.
Akmaklar özüni saýyr bir kişi,
Özgeler üstüne kylar käýişi,
Köňlünden asmana ýetmişdir başy,
Tekepbirden ulus-ili begenmez.
Zalymyň mazluma ýeter jepasy,
Hak ýanynda bolur a:sydan-a:sy,
Özün Umman bilip Tejen derýasy,
Dejle, Fyrat, bahry-Nili begenmez.
Deprek çeng kakmak bilen saz olmaz,
Gyş her niçe maýyl gelse, ýaz olmaz,
Götermegiň bilen garga baz olmaz,
Gul hojasyn, hoja guly begenmez.
Müneçjüm hadysça biler palyny,
Düldülden ýeg görer eşek ýalyny,
Ýaby semiz bolsa, kakyp nalyny,
Üstündäki zerbap july begenmez.
Ah etsem agzymdan çykar tüdünler,
Maňa gülüşerler bagry bütinler,
Molla Kätip aýdar, kelçik hatynlar,
25
Hoş tekellim, şirin dili begenmez.
GEÇMEZDEN BURUN
Köňlüm, ýüzlengin jepbara,
Dünýeden geçmezden burun;
Işiň bitir, ölüm mary
Awylar içmezden burun.
Garşyda bardyr uzak ýol,
Kimi sag gider, kimi sol,
Ýüküňi tut-da taýýar bol3,
Kerwen geçmezden burun4.
Gadryn bil gardaş-doganyň,
Buýrugyn etgil5 aganyň,
Işigisde kepen donus,
Mollalar biçmezden burun,
Katibi biziň adymyz,
Hakga ýetişgeý dadymyz,
Bergeý bizis myradymyz,
26
Gara ýer guçmazdan burun.
ÝOLDAN AÝRYLSA
Gije şebgerd39 bilen göçse kerwenler,
Ziru-zebir bolar ýoldan aýrylsa;
Bir zaman olturyp karary ýetmez,
Mekir baýlar mülki-maldan aýrylsa.
Aşyk magşugyna intizar bolar,
Bir zaman görmese, bikarar bolar,
Mysapyr ýerlerde hary-zar bolar,
Patyşalar ulus-ilden aýrylsa.
Otun ala bilmez, eftat aç bolar,
Barçalardan ýaňa............... bolar40,
Ýer üstünde möýler oňa öç bolar,
Şunkar laçyn peru-baldan aýrylsa.
Dowam aglar, leýli-nahary41 bolmaz,
Beýewanda bir dem berary bolmaz,
Meniň deýin sabry-karary bolmaz
Ýaşylbaş sonaly kölden aýrylsa.
27
39
‫شبگرد‬
Barçalardan niçe bile gäç bolar, diýen nusga bar.
41
‫ گوندیز‬-‫گیجه‬
40
MUHABBETI AZ OLAR
Rakyp bolsa, arasynda dostlaryň,
Bir-birine muhabbeti az olar,
Her niçe goşulşyp, ýüzse köllerde,
Uçsa, ördek—ördek, gaz hem gaz olar.
Jeren köle, suksur düze ýaraşmaz,
Kine-kibir size-bize ýaraşmaz,
Deprek bilen tanbur saza ýaraşmaz,
Dep—dep bilen, naý—naý bilen saz olar.
Aşnalyk duş bolsa, her akyl merde,
Jyda bolsa, galar tükenmez derde,
Iki hemdem mejlis gursa bir ýerde,
Köňli horram bolup, serferaz olar.
Halnlar düşmüş bir-biriniň yzyn,
Aýby bolsa, äşgär eder ýüzüne,
Her kimse ynansa, rakyp sözüne,
Takyk bilgil, onuň akly az olar.
Her kim bolsa seniň ýagşy mährsmiň—
Hem bu dünýä, hem ahyret iýr gamyň,
Misgin Kätibi diýr, iki hemdemiň
28
Jismi bir-birine paýendaz olar.
AGZALALYK AGYR ILE ÝARAŞMDZ
Aryzlary bir gerek döwletli ilat,
Agzalalyk agyr ile ýaraşmaz.
Iş ötenden kylyp, dat bilen bidat,
Soňundan efgany-nala ýaraşmaz.
Haka ilat gerek, ile ser gerek,
Il bähbidin kylan şiri-ner gerek,
Her söhbetiň teni, reňgi bir gerek,
Bir meýlis içinde ala ýaraşmaz.
Bir ýigidiň zaty haramdan gelse,
Elmydam ders okyp, taglymyn alsa,
Kelam hatym kylyp müderris bolsa,
Egri okar, dogry ýola ýaraşmaz.
«Nun», «säkin» eýlemiş «käbiň» içinde,
«Zal» watan eýlemiş «dalyň» içinde,
«Elip» mekan tutmuş, «janyň» içinde,
«Elibiå» hormaty «dala» ýaraşmaz.
Saýlap häkim goýsaň, äriň ärini,
Il üçin sarp eýlär herne baryny,
Eger goýna çopan kylsaň börini,
Gurduň gadamynda gele ýaraşmaz.
Paryz-wajyp, tagam dost bilen iýmek,
Özüňi süýt bilgil. dostuňy gaýmak,
Kätibi, söz çohdur, ýagşysyn diýmek,
29
Kem zehine, kelçik dile ýaraşmaz.
AGLA P-EŇRÄ P DIŇMÝEZMI?
(Goşgudap böleklsr)
Açlyk, ýalaňaçlyk kişä gam bolsa,
Ol kişi gaýtmaz her iş çem gelse,
Maşgalanyň agşam şamy kem bolsa,
Açlygyndan aýagyny egmezmi?
Garamazlar zekadynyň jaýyna,
Rehim etmezler ýetimleriň waýyna,
Entäp barsaň şu eýýämiň baýyna,
Maňlaýňa urup, birin ikä deňmezmi?
Owwal allam ryzk paýyňy saçmasa,
Alajyň ýok özi bagtyň açmasa,
Galtamanlar alga-bergä geçmese,
Säher turup, aglap-eňräp diňmezmi.
DYNÇ GEREK
Arkaçda gaçandyr dört ýabyň weji,
Akdepe, Garagan, Mehin, Ýarajy,
Her kimiň öz ýurdy özüne süýji,
Garyplara oturmaga dynç gerek.
Arkaç ili oturmaga hoş gala,
Emma welin, nan ýetmeýär maşgala,
Mary bilen Hywa-da bir daş gala,
Getirmäge harjy bilen pul gerek.
Mary gitseň, budur ýoluň dogrusy,
Daraýgez arkasy, Tejen degresi,
Ara ýolda bardyr............... ogrusy,
Hywa barsan, welaýata paç gerek.
Ekin ekseň, Garaganyň düzüne,
30
Sörtük öser, çeken jepaň hiç bolar42.
42
Şu iki setir başga bir şygyrdan bolsa gerek.
NIÇIK ZAMAN EKENDIR?!
«Yslam bolup, bir-biriniň duşmany,
Bu zamana niçik zaman ekendir?
Eý ýaranlar, meniň aklym ýetişmez,
Bu zamana niçik zaman ekendir?
Adyl şa galmady täji-tagtynda,
Il galmady döwletinde, bagtynda,
Müň iki ýüz sene kyrk bir wagtynda43,
Bu zamana niçik zaman ekendir?
Sopy bolup, pir emrini tugmazlar,
Bir niçeler şerigatga bitmezler,
Mugallymlar okyp amal etmezler,
Bu zamana niçik zaman ekendir?
Sopularmyz alyp ärli hatyny,
Syçrap müpNer jahalatyň atyny,
Bilmez haram-halal, asly-zatyny,
Bu zamana niçik zaman ekendir.
Kätibi köňlünde bir hikmet çaglar,
Zalymyň zulmundan mazlumlar aglar.
Mollalar, müftilsr, begler, agalar,
31
Bu zamana niçik zaman ekendir?
43
1826 ýyla gabat gelýär. (A.G)
ÝAGŞYLYK KYL
Ýagşylyk kyl her kime, ha ony bilsin-bilmesin,
Diýme hiç kimni ýaman, ha ýagşy bolsun-bolmasyn.
Tä dirik sen, daýyma goýma golundan ýagşy iş,
Hak üçin kyl, bendeler ha ýagşy diýsin-diýmesin.
Ýary, bir dermandaýy näge görülse gözüňe,
«Ýary ber» diýp, ol kişi ha saňa aýtsyn-aýtmasyn.
Gelse myhman ger işigiňe, şat bol, bolma melul,
Ger ne baryň häzir et, ha ony bilsin-bilmesin.
Kätibi, dürdäne sözler, her zaman saç halk era!
Halklar andag suhan, ha ýagşy görsün-görmesiň, !
ÝAT BOLGAN MOLLALAR
Peşli molladan gaçyban, ýat bolgan mollalar,
Saçly mollany guçuban, şat bolgan mollalar.
Dünýe mafiha44 üçin, jeňňu-jedeller köp kylyp,
Mekri-hile ylmyna ustat bolgan mollalar.
Gaçmaýyn şer haramydan, iýip-içip aşratkylyp
Jürmi-usýanlarga çoh yjat bolgan mollalar.
Aşnalyk babyny feth eýleban zalymlara,
Çün garyp, biçäreden, ebtad bolgan mollalar.
Gurbaty mähnet çekerler, niki-nam almak üçin,
Maksady mezhen bilen hup at bolgan mollalar.
Kätibi diýr, kah-kah urup, gülerler bezim edip
32
Göýä dowzah odudan, azat bolgan mollalar.
44
Dünýä mülki.
YŞKY-LIRIKI GOŞGULAR
DIDÄMDE JALA, DILBER
Görmese seniň jemalyň,
Didämde jala, dilber.
Gel, bir tärehhym eýläp,
Ýetgir wysala, dilber.
Husnuň imesdir baky,
Bäş gün ýüzüň gonaky,
Mahmur45 oldum, eý saky
Tutgul piýala, dilber.
Synamda ot tutaşdy,
Derdim serimden aşdy,
Adym arşa ulaşdy,
Kylsam ki nala, dilber.
Derdim artar gün-günden,
Dowa istär men senden,
Düşmüşem men yşkyňdan,
Ýüz müň hyýala, dilber.
Mysapyram iliňde,
Ygtyýarym goluňda,
Girip gezem ýoluňda,
Bir köne şala, dilber.
Men bir diwana, saýyl,
Sen-sen soltany-adyl,
Zulm eýleme, eý katyl,
Hakdan uýala, dilber.
Kätibi, husnuň gedaý
Sen-sen bir döwletli baý,
Diläp hafyzy-hudaý,
33
Düşmüş bu ile, dilber.
45
Humar bolmak.
ÝOLA DÜŞDÜM
Jydalykdan ýanyp-köýüp,
Ýar-ýar diýip ýola düşdüm.
Ömrüm zaýa ötdi diýip
Nala çekip webala düşdüm.
Görüň bu pelek işini,
Akdyrdy gözüm ýaşyny,
Tutmadym bir iş başyny,
Günde ýüz hyýala düşdüm.
Köňlümde bir işi saýlap,
Göze güýüp özüm şaýlap,
Guwwas bolup, derýa boýlap,
Göwher tapmaý çöle düşdüm.
Ahu men saýýatdan gaçyp,
Höwesniň şerbetin içip,
Kä çümüp, kä boýlap geçip,
Ýigrimi bäş köle düşdüm.
Gaýgy-derdiňde sakçyýam,
Dost-ýaryma aýakçyýam,
Gam ýolunda garakçyýam,
Neýleýin men ala düşdüm.
Köpdür pelekden utulan,
Şükr eýlär mundan gutulan,
Bir daş men sähra atylan,
Ýene gaýdyp ile düşdüm.
Gamyň leşgeri gaşymdan,
Hor çekip, gitmez daşymdan,
Kätibi diýr, ýaş başymdan,
34
Beýle dilden-dile düşdüm.
ŞIRIN JANA ÝETIR
Kadyr alla, murda jismim,
Lutf et, şirin jana ýetir.
Gamdan ryýa kylmak üçin,
Hoşýarlyk meýhana ýetir.
«Ýar-ýar!» diýip, düşdüm derde,
Yşk söwdasy garyp serde,
Galmyşam men ara ýerde,
Belli bir mekana ýetir.
Şirin sözi jandan öten,
Teşnelere şerbet satan,
Gamza okyn jana atan,
Gaşlary kemana ýetir.
«Ýar-ýar!» diýp eda bolmuşam
Ýüz tutup saňa gelmişem,
Hijran ýükünde galmyşam,
Horşide-rohsara ýetir.
Ýa ber derdime dermany,
Ýa al bu amanat jany,
Mesgin Kätip biçäreni,
35
Arzuwly janana ýetir.
GELER SALLANA-SALLANA
Ýaranlar, ýarym garşydan,
Geler sallana-sallana.
Seýkin basyp, zülpun tutup,
Geler sallana-sallana.
On tördi aý kimin dolup,
Çar tarapa şöhle salyp,
Gamza bilen janym alyp,
Geler sallana-sallana.
Toty kimin sözler bilen,
Sona suksur gazlar bilen,
On üç, on dört gyzlar bilen,
Geler sallana-sallana.
Zülpünden müşk ysy kokup,
Meniň janym otga ýakyp,
Gözün ümläp, gaşyn kakyp,
Geler sallana-sallana.
Elinde altyn piýala,
Şitde guşak Inçe bile,
Ak gollaryn sala-sala,
Geler sallana-sallana!
Meni gözden salmak üçin,
Gaýry bilen bolmak üçin,
Hasta janym almak üçin,
Geler sallana-sallana.
Köňlümde ýokdur kararym,
Göge ýeter ahy-zarym,
Kätibi diýr, söwer ýarym,
36
Geler sallana-sallana.
GAHRYŇ KYÝAMATDYR1
Dat eliňden, söwer ýarym!
Seniň gahryň kyýamatdyr.
Men garyba seniň üçin,
Dowam aglamak adatdyr.
Başymda yşkyň höwäsi,
Tapylmaz derdiň dowasy,
Janym sen ýaryň pidasy,
Eýlärem men, amanatdyr.
Arzym budur, söwer ýara,
Kerem kyl, men şermisara,
Ýetirseler sen dek ýara,
Pirlerimden keramatdyr.
Ýar bäri gel kerem birle,
Meý bergil jamy-jem birle,
Ba:tynym derdi-gam birle,
Zahyrymyz salamatdyr.
Sen-sen meniň köňlum hoşy,
Salmagyl maňa teşwüşi,
Kätibiniň gören düýşi,
37
Öz koňlüne hoşamatdyr.
SENIŇ DERDIŇDEN
Eý dilberim, çekip jebri-jepaňy,
Ýanyp öter boldum seniň derdiňden.
Paýymal boluban yşkyň derdine,
Ölüp ýatar boldum, seniň derdiňden.
Yşkyň ody ýürek, bagry daglaýyp,
Seniň üçin zary-girýan aglaýyp,
Jydalyk derdinden karar baglaýyp,
Matam tutar boldum, seniň derdiňden.
Kebuter men, köňlüm üzdüm sünbülden,
Bilbil idim, jyda düşmüşem gülden
Uzra, Wamyk kimin dogup kyrk ýyldan,
Ýene batar boldum, seniň derdiňden.
Sona kimin arzuw edip gullere,
Bakmaýan uçarmen, saga-sollara,
Garyp başym alyp, ilden-illere,
Imdi gider boldum, seniň derdiňden.
Kätibi ýatmady ýatar çagynda46,
Göz garatyp galdy ýol yragynda,
Perhat kimin Bisütüniň dagynda,
Mesgen tutar boldum, seniň derdiňden.
38
46
«Kätibi ýetmedi ýeter çagynda» diýen nusga hem bar.
GEL, BAŞYŇA DÖNEÝIN
Geljek diýp aldama, köňül myradym,
Günde-günde gel, başyňa döneýin.
Bizden özge ýana nazar salmagyn,
Biziň bilen bol, başyňa döneýin.
Haka bende bolsaň, diňlegil sözüm,
Hasrat bilen geçer, gyş bilen ýazym,
Dünýäde bir zada, buýsanmaz gözüm,
Görer gözüm bol, başyňa döneýin.
Gije-gündiz ýoluň garap intizar,
Günde bir görmesem, ýok mende karar...
Derdim aýtmaga ýokdur geňeşdar,
Geňeşdarym bol, başyňa döneýin.
Syryň bilmesin duşmanyň, dosuň,
Eger biziň bilen bardyr yhlasyň,
Didaryň görmesem, tutar men ýasyň,
Ygtykadym bol, başyňa döneýin.
Aryf bolup, dost-duşmany saýlasam,
Ýürek joşup, dilde destan baglasam,
Pynhan ýerde derdim diýip aglasam,
Göz ýaşymy syl, başyňa döneýin.
Kätibi ýalbaryp, galdy biçäre,
Kazam dolup ugramadym mazara,
Gaýtadan özümni saldym bazara,
39
Hyrydar sen, al, başyňa döneýin.
IÇSEM—ÖLDÜRERLER, IÇMESEM—ÖLEM!
Yşkyň meýin, bir näzliniň elinden,
Içsem—öldürerler, içmesem—ölem!
Serwi Senuber deý inçe bilinden,
Guçsam—öldürerler, guçmasam—ölem!
Bilmenem dünýäde eder işimi,
Ýolunda goýmuşam garyp başymy,
Hasratyndan gözden akan ýaşymy,
Saçsam—öldürerler, saçmasam-ölem!
Ýary ýeg bilermen şirin janymdan,
Köňlüm üzdüm her dem gülüstanymdan,
Ýaranlar, ýar üçin hanymanymdan,
Geçsem—öldürerler, geçmesem—ölem!
Namys-arym jyda boldy ýüzümden,
Özüm utanar men aýgan sözümden,
Şum rakyplar güler, görüp yzymdan,
Gaçsam—öldürerler, gaçmasam—ölem!
Mesgin Kätibi ahy-pygan eýleýip,
Sona, suksur kimin kölden aýrylyp,
Azaşgan kerwen dek ýoldan aýrylyp,
40
Göçsem—öldürerler, göçmesem—ölem!
ÝYLDYZA BERMEN
Dilber, janym alan gara gözleriň,
Atarut, Müşteri ýyldyza bermen.
Älemi gark eden husnuň şuglasyn,
Bahar wagtyndaky gunduza bermen.
Rakyba piýala biýr sen gol bilen,
Sen meni aldar sen, şirin dil bilen,
Zülpüň tutup, rowan bolsaň, ýol bilen,
Sallanyp ýöreseň, ýüz gyza bermen.
Darap zülpleriňi berip zynatyn
Egniňe geýip sen jennet hylgatyn,
Zülpüň garaňkysyn, husnuň talgatyn47,
Nalaşyň gelseler, şeb-ruza bermen.
Garynçgaý bakyşly, suksur synlaryň,
Şitde guşanmaga näzik billeriň,
Gunça deýin ýaňagyňda gülleriň,
Jümle ile gelen nowruza bermen.
Söwer ýarym, arzuw eýläp özüňi,
Ölinçä çeker men, magşuk, näziňi,
Misgin Kätibi destan edip sözüňi,
41
Rum-Ispihan, Bagdat, gunduza bermen.
47
‫ یاغتیلیق‬،‫طلعت‬
DILLERIŇ SENIŇ
Yagrym ezip, aldy şirin janymy,
Toty kimin şirin dilleriň seniň.
Garşyda olturyp, käse tutmaga,
Dilber, hup ýaraşar gollaryň seniň.
Yşkyň meni bu söwdaga salmyşdyr,
Hasratyň gözümňi girýan kylmyşdyr,
Didämiň eşkinden peýda bolmuşdyr,
Ýaşylbaş sonaly kölleriň seniň.
Dünýe geldim, agu-ganlar ýuwtmaga,
Utanar men başym alyp gitmäge,
Allahym ýetirsin, guçup ýatmaga,
Şitde guşak, inçe billeriň seniň.
Sençe bilmen jahan apytabyny,
Sensiz hak açmasyn, jennet babyny,
Istemenem Howzy-Köwser abyny,
Sorsam lebleriňden ballaryň seniň.
Kätibi almasa, seni destine,
Gülki bolar duşmanyna-dostuna,
Hup gelişer al ýaňagyň üstüne,
42
Müşki-anbar isli telleriň seniň.
SENIŇ NERKES GÖZÜŇDEN
Aşygyňa ogryn-ogryn bakaňda,
Ýar aýlansyn, seniň nerkes gözüňden.
Gözleriňi ümläp, gaşyň kakaňda,
Gurban olam seniň nerkes gözüňden.
Altyn jygalarňy sanjyp başyňa,
Gurban olam gözüň bilen gaşyňa,
Perwana dek aýlanaýyn daşyňa,
Ýar aýlansyn, seniň nerkes gözüňden.
Dilber, sen-sen gözelleriň seresi,
Merhem kyl, bitmedi synam ýarasy,
Jowahyr gymmatly, göwher parasy,
Ýar aýlansyn, seniň nerkes gözüňden.
Gözeller soltany, arzuwly mähweş,
Janymny eýlerem men saňa peşgeş,
Atlaryň serkeşdir, donlaryň zerkeş,
Ýar aýlansyn, seniň nerkes gözüňden.
Meni beýle yşk oduna sala sen,
Jilwe bilen hasta janym ala sen,
Kätibi diýr, bilmen niçik bela sen,
43
Ýar aýlansyn, seniň nerkes gözüňden.
SÜZE-SÜZE GELEDIR
Eý ýaranlar, söwer ýarym garşmdan,
Gara gözün süze-süze geledir.
Şeker diller bilen eýläp tekellim,
Toty kimin şirin söze geledir.
Aglaý-aglaý gözlerimniň sylyna,
Ýügürdim ýar diýip, ýaryň ýoluna,
Söwer ýar gark olup, çeşmim kölüne,
Sona kimin ýüze-ýüze geledir.
Gähi wagtlar, kuhi Kabyň dagynda,
Gähi wagt keşt eder, Erem bagynda,
Gähi wagtlar, pasly-bahar çagynda,
Jeren kimin oýnap, düze geledir.
Diýmäňler, ýarydyr adam perzendi,
Hudaýa maglumdyr, onuň peýwendi,
Leblerinde ezip şekeri, gandy,
Posa bermek üçin, bize geledir.
Misgin Kätip yşkyň ýolun yzlasa,
Syryn içde dost-duşmandan gizlese,
Il içinde: «ýar-ýar» diýip sözlese,
44
Halkyň köňli gelin-gyza geledir.
GÜLLER IÇINDE
Suw başynda duran gül ýüzli dilber,
Nazar kyl, suksura güller içinde.
Şeker çeýnän, şerbet bile goşulmyş,
Gaýmak dodaklaryň ballar içinde.
Ak ýüzüňe gara gaşyň gelişmiş,
On bäş ýaşa girip, husnuň doluşmyş,
Aşyklar üstüňde bir-bir ölüşmiş,
Niçesi hem gezer çöller içinde.
Altyn suwly kümuş tokaň boýnuňda,
Müň aşygy bir öldir sen oýnuňda,
Ne aýyp bar, girip ýatsam goýnuňda,
Uzra kimin akyp, siller içinde.
Çeşmäniň başynda görüp ýüzüňni,
Agzym açyp, ýitirmişem özümni,
Näz bilen kep gursak, eşdip sözüňni,
Totular lal bolar tiller içinde.
Köňlümiň arzuwsy, seniň wysalyň,
Men bile bilmedim: nedir hyýalyň,
Bag seýrinde görse, serwi jemalyň,
Bilbil perwaz urar güller içinde.
Mestan-mestan basyp, garşy geler sen,
Gamzaň tygy bilen bagrym diler sen,
Ýüz müň jilwe bilen janym alar sen,
Gahar donun geýip, a:llar içinde.
Özge dilrubaga gözüm salmanam,
Kanda gitseň, imdi senden galmanam,
Yşk oduna ýanyp, eda bolmanam,
Kaknus kimin ýanyp, köller içinde.
Köňlüm guşun zülpüň bilen baglaram,
Pyrakyň oduna bagrym daglaram,
45
Seniň üçin zary girýan aglaram,
Bir oýnap gülmedim ýyllar içinde.
Seni görüp, maňa urdy bir eser,
Jellat gara gözüň bagrymy keser,
Kätibi diýr, sözüm kyldym muhteser,
Seniň dek görmedim iller içinde.
GYZ
Ýa peri, ýa peýker bile bilmedim,
Hakyň nury gökden ýere gaçan gyz.
Ýüz sorap, bir jowap ala bilmedim,
Sözlemezmi, adamzatdan bolan gyz.
Ýarym gülap geýdi, meýlis gurmaga,
Men şikara çykdym, maral görmäge,
Laçyn köňlüm omzar, seni urmaga,
Sen bir ýaşylbaşsyň, kölden uçan gyz.
Bilbil owazyň bar, bilbil özüň bar,
Guba gaz ýörişiň, jeren gözüň bar,
Köňlüm şoňa gitdi, goşa naryň bar,
Ýakmak üçin ýakynymdan geçen gyz.
Men seni söýmüşem, jan bilen tenden,
Ölsem el gotermen, aýrylman senden,
Hupluk senden gider, ýigitlik menden,
Aklyň bolsa, döwran garşy dolan gyz.
Görmedim dünýäde sen kimin dilber,
Aklym taraç etdiň eý peri-peýker,
Gara zülpüň uz boýuňa bara-bar,
Saldy zülpüň jan şährine talan gyz.
Kätibi, destanyň ýazaram çendan,
Halyma rehm eýle, koýdürme, eý jan!
Men seniň yşkyňda elmydam haýran,
46
Ýene çendanlary haýran eden gyz.
SALAM ALMADYŇ, GELIN!
Kätibi—Uzakdan ýanyňa geldim salama,
Neçün bizden salam almadyň, gelin?
Her sözümde çeken ahy-nalama,
Pähm eýleýip, gulak salmadyň, gelin!
Bibijemal—Uzakdan salama gelen, eý myhman!
Hatyrjem bol, indi salam alynmaz,
Ah urup, her sözde beýle ýakma jan,
Pähm edip sözüňe gulak salynmaz.
Kätibi—Alys ýerden men gelmişem aýlanyp,
Bir ýüzüňi görsem diýip, oýlanyp,
Umyt etdim, dost çykar diýp şaýlanyp,
Bu halymdan habar almadyň, gelin!
Bibijemal—Alys ýerden gelen, eziz myhmanym,
Gaýtadan söz gatyp, ýakmagyn janym,
Ýaryň jemalyny isgeseň, hanym!
Owwal beýle dosty gözden salynmaz.
Katibi—Sepil men yzyňda paýy-pyýada,
Sen beýle jebr etme, mundan zyýada!
Owwalda ähdimiz bolsa arada
Ol wadaga wepa kylmadyň, gelin!
Bibijemal—Meni diýip bolsaň, sergezdan-sepil,
Sakladym hatyryň niçe aýu-ýyl,
Ähdin bozan biwepalar kimdir, bil,
Her kimsäniň öz günäsi bilinmez.
Kätibi—Sözlesem gaşyňda, habar almadyň,
Hasta dek uzandyň, ýerden galmadyň,
Ýüz dönderip, biziň bilen bolmadyň,
Sözleşip ýanymda galmadyň, gelin!
47
Bibijemal— Walla, ynamym ýok aýdylan söze,
Yşkyň hastasy men, çydaman köze,
Gaýtadan odumy eýleme täze,
Gury sözden derde derman bolunmaz.
Katibi—Aryp geldim, aýralyga çydalman,
Har bolup oturdym, ugrum idelmän,
Nämedir sebäbi, aýgyn uýalman,
Bezenip ýanyma gelmedin, gelin!
Bibijemal—Sözleşmäge il-günümden çekindim,
Her sözüňi doga edip dakyndym.
Soňra bilip, puşman edip okündim,
Ötene ökünmek peýda kylynmaz.
Kätibi— Kätibi yzynda diwana-däli,
Aşretli bir-birden sorjakdyk haly,
Diýgil, sonam, nedir köňlüň hyýaly?
Biziň bilen döwran sürmediň, gelin!
Bibijemal—Bibijemal, gubar alypdyr gözüm,
Pyrak uzak çekdi, soldy gül ýüzüm,
Başgalara rowa görmenem özüm,
48
Bir senden özgeýe hyzmat kylynmaz!
ÝAZYLMYŞDYR48
Eý agalar, peri gördüm,
Bir nadana ýazylmyşdyr,
Dakynypdyr tylla tumar,
Göz-gabagy süzülmişdir.
Dessan düzeýin adyňa,
Ýürek döz gelmez oduňa,
Sallanaňda öz badyňa,
Inçe biliň üzülmişdir.
Gurban bolaýyn özüňe,
Şeker ezilmiş sözüňe,
Humaý ala gözleriňe,
Humaý gözüm süzülmişdir.
Tomaşaly oýnan oýny,
Bukawlyja gowja boýny,
Girip bolsa, şonuň goýny,
Ol jennetden hezilmişdir.
Ýykylypdyr teji-tagtyň,
Ser howuzly gül daragtyň,
Seniň bu şum gara bagtyň,
49
Bir nadana ýazylmyşdyr.
48
TDU-niň Edebiýat kafedrasynda saklanýan T. Gurbanowyň «Kätibi» diýen diplom işiniň goşmaça
bölüminden.
GOLLAR ÝARAŞAR49
Üç gözeldir, goşulşyban gelgende,
Sallanyp ýörmäge gollar ýaraşar.
Şirin sözler bilen bagrym ezmäge,
Toty kimin şirin diller ýaraşar.
ÝARLYK GEREKDIR50
Köňlüm talwas eder bir perizady,
Belent bagt alladan ýarlyk gerekdir.
Sypaty perizat, adam zürýady,
Jamaly jennetden hüýrlük gerekdir.
Tiz ýeteliň, ýaryň jaýy bilinse,
Asyl gaýytmalyň, jan hem alynsa,
Bahasyndan dünýä maly salynsa,
Ýüz döndermän hyrydarlyk gerekdir.
Goýnunda jennetiň bagy ekilmiş,
Darahty-kamaty ziba çekilmiş,
Ak ýüzüne gara zülpi dökülmiş,
Syýa zülpe höwesgärlik gerekdir.
Bir ýüz el göküsn mamanyň paýy,
Babasyna bir ýüz ýüpek serpaýy,
Uýasyna bir ýüz gülgün daraýy,
Obasyna baş-baş donluk gerekdir.
Bir ýüz tümen gerek töre geçene,
Sypaýy dil bilen diwan biçene,
Ogrynça on tümen ýüzün açana,
«Bu-da seňki» diýip, biýrlik gerekdir.
49
Bu goşgynyn dowamy golýaýemalarys hiç birnnde duş gelmedi.
Kätibi bu goşgusyny — «Adampahyry» Nazarly Amanty diýen bir garyp çopanyň islegi boýunça
ýazypdyr. Ol çopan 40 ýaşa çenli öýlenip bilmänsoň, şahyryň ýanyna gelip: «Men aýal alyp öýlenib-ä
bilmedim, ýöne meni «bolsady» ekip bir öýlendir. Men seniň şu bäş-üç janlyňy bakyp bereýin» diýipdir.
Kätibi onuň islegini kanagatlandyrypdyr. Inw № 391, 270 (halk dňredijiligi bölümi).
50
50
Mahmaldan pürenjek ýüpek argaçly,
Boýnunda bukawy tylla nagyşly,
On barmagy ýüzük, göwherden gaşly,
Lagly jowahyrdan şaýlyk gerekdir.
Agasyna altmyş atlazyň özi,
Ýeňňesine ýetmiş keten gyrmyzy,
Jigisine segsen salyr don ýüzi,
Barysy tikilgi geýlik gerekdir.
Ýüz müň ner gerekdir, hatarda ýörse,
Ýene bir ýüz ýetim hyzmatda dursa,
Kyrk gatyr teňňeden ýüklenip barsa,
«Bu hem seňki» diýip, biýrlik gerekdir.
Ile äşgär, bahasyny berensoň,
Ýelmaýada zer kejebe guransoň,
At oýnadyp oba alyp gelensoň,
Oýun gurap bazygärlik gerekdir.
Ýüz gatyr tylladan ýüklenip barsa,
Heniz azdyr dünýe maly salynsa,
«Saýýat men» diýp, kişi jamalyn görse,
Täsin kylyp, aýrylmagy gerekdir.
Gözel gerek, Simu-zerler dökmäge,
Baýrak alyp, meýdan sary çykmaga,
Oşol toýda agyr myhman çekmäge,
Müň goýun, müň tüwi toýluk gerekdir.
Bedew gerek, ýaglyk alyp gaçmaga,
Meýdan tekiz gerek, her ýan geçmäge,
Garşysyndan näzi-nygmat seçmäge,
Guba-juwan hoşroýlyk gerekdir.
Tagryp51 etsem, ötebilmen şunçadan,
Toýçy göz gamaşdyr, baksam hanjadan,
Gelene kän beriň, penje-penjeden,
51
Dört müň batman kişde paýlyk gerekdir.
51
Çen etmek.
Müň bagana possun, mawut daşlykly,
Bir müň çäkmen gerek, pereň işlikli,
Bir müň köwüş, ädik kümüş başlykly,
Ýüz müň ýüpek jorap, ellik gerekdir.
Owwal il ýygnanyp, maslahat etse,
Ýüz ýetime hudaý ýoly aýytsa,
Ulug atlar üç menzilden gaýytsa,
Süýremäge zor hossarlyk gerekdir.
Agajy söwütden segsen dört başly,
Üzügi eňsiden gargy-gamyşly,
Bagdady gabsaly, kildi kümüşli,
Şol toýa bir örlük öýlük gerekdir.
Ýeke daranyna on bäş ýaşynda,
Goşulyp gelene ýigrim bäşinde,
Ýene bir ýüz tümen bolsun daşynda,
«Bu-da» seňki diýip, biýrlik gerekdir.
Bir ýüz tümen beriň, bekewül başa,
Dört iner, dört maýa ol pälwan kişä,
Jar çekip gelene biziň tomaşa,
Otuz kente ygtyýarlyk gerekdir.
Bir ýüz tümen beriň ýeke gaýdana,
Segsen tümen: «Öwlat men» diýp aýdana,
Arasynda hojasyna, seýdine,
Şäher işi ýüz dastarlyk gerekdir.
Ulsuna ýüz ýetim on bäş ýaşynda,
Toplumna ýüz ýetim ýigrim bäşinde,
Ahyrynda barysynyň daşynda,
Bir müň çory-gyrnak ellik gerekdir.
Bir ýüz tümen beriň, kepil bolana,
Ýene bir-ýüz tümen, daljygyp ölene,
52
«Toý aman sowuldy» — diýip gelene,
Degişli engamyn biýrlik gerekdir.
Bir ýüz tümen beriň, nika kylana,
Jepidi gulpydan gapy alana,
Göterip ynjytman eltip salana,
Ölinçä engamyn biýrlik gerekdir.
Bir ýüz tümen beriň, söhbet tutana,
Ýene bir ýüz tümen, nyşan atana,
Ýene bir ýüz tümen, oýnap utana,
Kertikçä on tümen biýrlnk gerekdir.
Şol gelen gyz bilen ýigit halaşsa,
Ganyt dowüp, nohut, kişmiş paýlaşsa,
Gyz-gelinler baş üstünde dalaşsa,
Gülüp-oýnap aýrylşmagy gerekdir.
USTADYŇA ZÜLPÜŇ
Halaýyklar bolar haýran, saraýdan sallanyp çyksaň,
Sadaka barça älemler ýasan ustadyňa zülpüň!
Gözümni intizar eýlär, zenahdan üstüne dökseň,
Ki bersem gymmaty ýetmez ýüz on tört hatyny zülpüň.
Bizi perwana kylmyşdyr jemalyň türpe nämährem,
Durarga zerre sabrym ýok, saňa mährim gider her dem,
Alys ýerden syýa görner, golaýdan gülgün öwser hem
Keser almaz kimin baksam, köňül gaýratyny zülpüň.
Sorasam, aslyň adamzat, görsem suratyň peýker,
Semerli serwi kaddyňdan, kükär müşk suwy anbar,
Söwer Bulkusyň52 ornunda, wysalyň tapsa pygamber,
Çeker efsun urup bärik Süleýman tagtyny zülpüň.
Seýilde Selbi dek seýkin sonam, sen sallanyp çyksaň,
Jahana şemgy-ruhsaryň53 düşer nikabyňny açsaň,
Darap tylla şana birle, säher wagty towun çöşseň,
53
Jigerge hanjaryn sanjyp, ýakar yşk oduna zülpüň.
52
53
‫بلقیس‬
‫شمع رخسار‬
Galamda: «Bi assyn bi» diýp, jenan ismiň biter,
Ýazarlar «Käbe» üstün hem okyp tarypyňny iller,
Ýeter maksady sensiň, saba saýrasa bilbiller,
Diýer diwanaýy Kätip, hak açsyn bagtyny zülpüň.
ÝARYM OTAG IÇINDE
Meýlis gurup oturmyş, ýarym otag içinde,
Jüre-jüre hal goýup, her al ýaňag içinde,
Müşki-anbar saçlary altyn darag içinde,
Ýarym geýeer keşt edip, bakjaly bag içinde.
Hijran çekip galmyşam, men bul pyrag içinde.
Aýyp eýlemaň ýaranlar, menin ahy-zarymdan,
Dildar üçin geçmişem ýüzde şermi arymdan
Gol üzüldi, neýleýin, baglarda enarymdan,
Bady-saba habar ber, bilseň söwer ýarymdan,
Men ýarymy ýitirip, galdym sorag içinde.
Çekip derdi jydalyk, ýokdur meniň mydarym,
Aglamakdyr hemişe külli leýli—naharym,
Bolmaz anyň ýanynda bir gylça ygtyýarym,
Şerap guýup pyýala, berse näzik nigärim,
Şähdi-şeker gand ezin, şirin dodag içinde.
Diýsem ki peri-peýker, halymny harap egme,
Serwi kaddyň dal egip, zülpüňni tanap etme,
Jismimni ýakyp otga, bagrymy kebap etme,
Häzir bilgin allany, janymga azap etme
Men bendeýi — biçäre, boýnum duzag içinde.
Hudawenda, Kätibini illerden ile salgyl,
Aç-uftada laçyn men, suksurly köle salgyl,
Men bir suwsuz näheň men, derýaýy-Nile salgyl,
Eý rähnama, baş bolup, Karunly ýola salgyl,
54
Serim dönüp azaşdym, deşt ile dag içinde.
HALYM PERIŞANYN GÖRÜP
Dilberim rehm eýlemez, halym perişanyn görüp,
Şat olar köňleklerim, çäki-giribanyn görüp,
Lutf kylmaz gözlerimniň, bahry ummanyn görüp,
Itleri perýat kylarlar, jigerim ganyn görüp,
Ýüregim set para boldy, ýitirmiş känin görüp.
Janymy almakga çykmyşdyr bu gün ýar atlanyp,
Gözlerimniň ganyny dökmäge, hunhor atlanyp,
Efsun eýlär, ýar maňa çün zülpn-şamar atlanyp,
Gelse, goýmaz, öldürer şowhy-sütemkär aglanyp,
Gözlerim gorkar bu gün ýar Rahşy-jöwlanyn görüp
Mutruba saz eýlsgen dek, palaýy afganymyz,
Köýdürer bolsa terazzüg barçany suzanymyz,
Garşyda näzu-kereşme eýlese jananymyz,
Bu jesetden aýrylyban, çykmak istär janymyz,
Leblerinde gang ezilmiş, aby-haýwanyn54 görüp.
Sen mydam girseň çemenge, gülgüzar şebnem bolar,
Aşyk olgan biri-birge, ýary-dost hemdem bolar,
Talwas. etme, eý köňül, aşyky-köňlüm gam bolar,
Ýar hijranyn çekiban, serwi kaddym ham bolar,
Gaşy ýaýdyr halka-halka anbar efşanyn görüp.
Ýar köýünde perwaz urar, hasta jan, eý dostlar,
Ýandy pyrkat oduna jismi-istihan, eý dostlar,
Höwes görünmez gözüme hanyman, eý dostlar,
Rahmy kylmaz sen dili mähriban, eý dostlar,
55
Kätibiniň synasynda dagy hijranyn görüp.
54
Ab-e haýat=Dirilik suwy bolsa gerek.
BIDAT HEÝ
Yşk elinden dat eý, bidad heý,
Bahrydan gönderip bir subhanylmelekil ýat heý,
Meý diýip içdim any, meý däl eken bir ot heý,
Gutaşypdyr ataşy, söndüreli imdat heý,
Aşyk ählin sorasaň, bizar olup perýat heý.
«Mim», «elip», üç «aýyn» ile hemdem boluban geldiler,
Eýleýip biri şepagat, hasta halym sordular,
Meni dana55 eýleýip, degirmen doly üzre saldylar,
Tutdy Haýdar56 oň golumdan, hup dukana saldylar,
Çarhy çekdiler oşaldan jöwheri polat heý.
Birsi jennetiň gülüdir, birsi Sytdykdyr, Seli,
Birsi adyl içre ýokdur züljelalyň guly,
Birisiniň üýni hoşdur, düzdi pyrklap bilbili,
Birsi ýalgan dünýede segretdi, mündi Düldüli,
Şirler arslanym bu hatyr, kyldm köňlüm şat heý.
La:-mekanyň burçuda seýran edermiş özleri,
Boýlary tuby-çynar, şemsi-kamardyr ýüzleri,
Tilleri şahdi-şekerdir, labzy arapdan sözleri,
Janda arman galmasyn, doýgunça mährem gözleri,
Başym keşden geçirip, eýlediler ussat heý.
Jumga tününde ýatardym, ol säher wagty oýag,
Iki jenan geldi, durdy, segredip ýel dek yrag,
Birsiniň ismi Hyzyrdyr, birsiniň ruhy az,
Seýil edip, ylmy-ledenden57, berdiler gizli sanag,
Kätibi diýr, sözleýip, bir muhammes ýat heý.
56
55
Däne bolsa gerek. (A.G)
Haýdar= Alynyň lakamy.
57 ‫ علمی است که خداوند بدون واسطه به بندهای الهام میکند‬،‌‫علم‌لدنی‬.
56
NIGÄRIMDEN HABAR
Bergil, eý sobhuň58 ýeli, näzik nigärimden habar,
Sen biler sen, dony gülgün, gülgüzarymdan habar.
Men watandan aýrylyp, çöllerde galdym neýleýin,
Kasyrda bir, Müsürde bir, şähri diýarymdan habar.
Bu hazan-nyň sarsary, gurutdy ömrüm bagyny,
Ýa müneçjim, ber bu gün, pasly baharymdan habar
Ýüzde şerim, başda huşum, dilde sabrym takaty
Kätibi aýdar, huda, sabry kararymdan habar.
BAGRY ÝARANY GÖRSETEÝ
Bir nazar kyl, dilberim, bagry ýarany görseteý,
Tiri müžgäniň bile bolmuş ýarany görseteý.
Hoş bolup sen, men gedaga jebri-zulm etmek işiň,
Şahu-geda hemdem bolar, gel, şa, gedany görseteý.
Kim yzaýy-mümünin ermiş wudam, eý mugbeçe,
Gel kitap içre bu gün, kowly-kurany görseteý.
Ýylda bir aý wasyly gül şat eýlär bilbilin,
Ömür ötüp gördi ýüzüň, syrry zamany gorseteý.
Kätibi diýr, tiriň atmak isteseň, eý gaşy ýaý!
57
Ýüregim goýup nyşan, bul hasta jany görsetýe.
58
‫صبح نگ‬
GÜLZARYŇ EÝLÄR ARYZUW
Bilbili mestanalar gülzaryň eýlär aryzuw,
Şemgyňa perwanalar didaryň eýlär aryzuw.
Bir niçe şyhlar seniň yşkyň bile diwanadyr,
Her jynuň gaýra üçin, bir taryň eýlär aryzuw.
Gurbat içre dil gamyn hatyr huzun biçäreler,
Aýbyňy mestur eden zerdaryn eýlär aryzuw.
Dünýe-kesbi görgeninde, köňülim meýil eder,
Serwi kamatda biten du naryň eýlär aryzuw.
Men meriüem, sen gelip, lutf eýle, melhem kyl maňa
Çün seniň dermanyňy, bimaryň eýlär arzuw.
Watanydan aýrylyp, awara bolgan bir garyp,
Kä öpüp, gähi guçup, timaryň aýlär arzuw.
Katibi diýr, bäri gel, başyňa gurban bolaý,
Gije-gündiz waslyňy bu zaryň eýlär aryzun.
HA YNAN, HA YNANMA
Sen-sen söwer aýym, ha ynan, ha ynanma,
Ga:ndyr meniň jigerim, ha ynan, ha ynanma.
Mahmur gözüň şowkuda bimaza olup men,
Eý gül perim, ha ynan, ha ynanma.
Yşkyňda köýüp öldi, kebap bütin dil-janym
Eý täji-serim, ha ynan, ha ynanma.
Ruhsaryň gül efşany, eý serwi nahalym,
Bardyr nazarym, ha ynan, ha ynanma.
Her katra gözüm ýaşy, suwy köp-de az bolur,
58
Budur kerem, ha ynan, ha ynanma.
TEBIGAT HAKYNDAKY GOŞGULAR
BIZIŇ DAGLARYŇ
Ter öleň sowuk çeşmesi,
Bar, begler, biziň daglaryň.
Ýüz müň näzi kereşmesi,
Bar, begler, biziň daglaryň.
Tagaraw daglar bekesi,
Görenler arzuw çekesi,
Göwsi gara, boz tekesi,
Bar, begler, biziň daglaryň.
Mydam garlydyr başlary,
Ütelgi, laçyn guşlary,
Aýlaw şah, sary goçlary,
Bar, begler, biziň daglaryň.
Goşarça, Mizewe59 Nyýazym,
Hiç wagt saňa sygmaz näzim
Sary injir bilen üzüm,
Bar, begler, biziň daglaryň.
Janym Ýaňyýoluň dagy,
Gezmäge ajap awlagy,
Akar çeşmeler bulagy,
Bar, begler, biziň daglaryň,
Kätibiň dagda ýörmegi,
«Mämmetzyýa»nyň60 görmegi,
Ak üzüm, gelinbarmagy,
Bar, begler, biziň daglaryň.
59
59
Şygyrda duş gelýän: Goşarça, Mizewe, Ýaňyýol, Gyrgaş Hysyn deresi—Tagaraw dagynyň töweregindäki
daglaryň deresiniň atlarydyr.
60
«Memmetzyýa» — Iň gowy hyrly tüpeniň ady.
GARY BU DAGYŇ
Säher turup, seýran etsem serine,
Senem sadra meňzär, gary bu dagyň.
Göwnüň açar çyksaň, belent ýerine,
Ulgam-ulgam gider, ugry bu dagyň.
Her zaman wasp etsem, köňül joşunda,
Lember-lember bulut oýnar başynda,
Toty, gumry tagat çeker daşynda,
Abaý bilen gürlär, şiri bu dagyň.
Miwe getir daragtlarnyň mutlagy,
Erenler ýaýlagy, jeren otlagy,
Ütelgi mesgeni, kemer-gatlagy,
Hem köwüdir, hem ruhsary bu dagyň.
Daglardan ýel turup, gubary göçse,
Guruh-guruh bolup, öňülge düşse,
Näzenin gözeller zülpüni açsa,
Agyp deger, hem köwsary bu dagyň.
Takdyry tagaçjyp ýaratmyş any,
Beýnisi beýtylla harasat güni,
Kätibi diýr, üsti kütüp mesgeni,
60
Meger Muhammetden bäri bu dagyň.
KIRPI
Etmedigiň barmy seniň,
Indi halyň niçik, kirpi?
Azabym hiç etdiň meniň,
Indi halyň niçik, kirpi?
Men ekdim, meýdana çykyp,
Sen alarsyň, burnuň sokup,
Nädeýin şul dişiň kakyp,
Imanyňy öwür, kirpi?
Gün ýaşanda hinden çykdyň,
Iki gözüň joýa dikdiň,
Senä meniň içim ýakdyň,
Indi halyň niçik, kirpi?
Ýüzüň süýri, daşyň tiken,
................................................
Owwal özüňmidiň eken,
Indi halyn niçik, kirpi?
Molla diýr aldym janyň,
Öwür basym(rak) imanyň,
Ölseň, kimdir sorjak ganyň,
Indi halyň niçik, kirpi?
Warak tüpeň öýde galdy,
Gädik kepje kelläň aldy,
Bir depinjik çukra saldy,
61
Indi halyň niçik, kirpi?
KÖŇLI DEÝÝUSYŇ
Ýörise ýol almaz, şeýle çamandyr,
Haýbatyndan gorkmaň, ýüki samandyr,
Ezýaka bolsa-da päli ýamandyr,
Şeýleki bozukdyr, köňli deýýusyň.
Emaý bilen ýörär, belent pestinden,
Gämigim baýnamaz, zalym kastyndan,
..........................................................................
..........................................................................
Gaçar, kowar bir-birine näz eder,
Çagyryşyp her dürlüje näz eder,
Gumak ýere garny degse, yz eder,
Iliňkä meňzeş däl, yzy deýýusyň.
Baryp gördüm, şu deýýusyň jaýyny,
Tanyp bolmaz pukarasyn, baýyny,
Aýal-erkek, özi tapar taýyny,
Hemmesiniň birdir, hili deýýusyň.
Çatmasynyň bolmaz tüýnük-çarmagy,
Doňuzça-da ýokdur, görki-görmegi,
Açmaga, ýummaga ýokdur barmagy,
Jaý gazmaga ýokdur, pili deýýusyň.
Älemge ýaý bolar ýazyň pellesi,
Başynda hiç ýokdur tahýa, sellesi,
..................................................................
Hemmesiniň birdir, hili deýýusyň.
Molla Kätip, şu sözleri diýende,
Agzy şar garadyr, otdan doýanda,
Ýaňja çykan gämigimi iýende,
62
Şeýle betgylykly, özi deýýusyň.
DÜRLI TEMADAKY GOŞGULAR
SEN IMDI61
Atamyň gardaşy—gadyrdan enem,
Gulak tutgul, arzy-hala, sen imdi
Körpe guzy goçgaryňdan aýrylyp,
Göz ýaşyň goşup sen syla, sen imdi.
Jandan artyk görer idim ýegenim,
Jyda bolsam, awy-gandyr iýgenim,
Babamdan ýadygär naçar doganym,
Men aglaram, etseň nala, sen imdi.
Ötmezinden owwal gardaşyň ýasy,
Saňa degdi, körpe guzyň yzasy,
Egniňden çykaryp, gülgün lybasy,
Girip sen bir köne şala, sen imdi.
Aglaý-aglaý meniň köňlüm bozar sen,
Göz ýaşyňdan gara bagrym ezer sen,
Syryň içde pinhan edip gezer sen,
Nazar kylyp, sagdan sola, sen imdi.
Ahy-pygan tartyp, günüň ötürme,
Aýna dek köňlüňe gubar getirme,
Aklyňy çaşyryp, pähmiň ýitirme,
Her gün gidip, ýüz hyýala, sen imdi.
Ölüm bir aždarha agzyn açandyr,
Gyr-gyr edip, awy-zäher saçandyr,
Mundag işler her kimseden geçendir,
Habar alsaň, ilden-ile, sen imdi.
63
61
Bu goşgynyň ýokarsynda: “Kätibiniň atasynyň aýal doganynyň ýeke ogly bolup, ol hem ölüp, şonuň
patasyna baryp, oňa göwünlik berip aýdanny” diýilip ýazylypdyr.
HABAR ALMAGA
Dünýä içre boldum haly-perişan,
Kimse ýok halymdan habar almaga.
Yzyňda galmyşam didesi girýan,
Kişim ýokdur gözde ýaşym sylmaga.
Harsy dünýä bolup, galdym teşwüşe,
Köňlümde jaý etmiş ýüz-müň endişe,
Musybetiň tutup, seniň hemişe,
Ygtyýarym ýokdur oýnap, gülmäge.
Rehimsiz görermen deňim-duşumy,
Hiç biri sylmazlar gözde ýaşymy,
Kadyr alla, meniň garyp başymy,
Towfyk bergeý, ýar köýüne salmaga.
Ýalan ýerden alym goýup adyna,
Özi hoş wakt bolar ýazan hatyna,
Molla Kätip münüp ajal atyna,
64
Wagt ýakyndyr, ýanyňyza gelmege.
ŞÄHRIŇIZE GELMIŞEM
Arzy-hal aýdaýyn gök günbezlere62
Bir iş üçin şähriňize gelmişem.
Bul hasratdan galyp, ýüz-müň yzaýa
Hassa jana döze-döze gelmişem.
Pelek ýowuz derde saldy başymy
Kimsäm ýok sylmaga gözde ýşymy,
Hasratyňdan bitger diýip işim
Zyýarat etmäge, size gelmişem.
Şum nesik getirdi ülkeden kowlap,
Muhabbet riştesin katg eteý towlap,
Her ýerde dem gurup, ryzkymny awlp,
Saýýadam, jerenli düze gelmişem.
Sebäp bilen düşüp, uzak ýollara,
Bakmaýyn geler men, saga-sollara,
Men bir hajat üçin, siziň illere,
Galandar men, geze-geze gelmişem.
Kätibi diýr, men bir bendeýi-a:sy,
Afu ediň her niçik bolsa günäsi,
Gözlerimden akyp Muhyt derýasy,
65
Suksur kimin ýüze-ýüze gelmişem.
62
Bu goşgyň ýokarsynda: «Kätibi Buharga baryp, Buharanyň gök gümmezlerini görüp, bir gazal aýtdy»
diýlip ýazylypdyr.
BILMEDIM, BALAM!
Ýüregimde goýduň daglar—düwünler63,
Gül ýüzüňi görebilmedim, balam!
Perwana dek baş üstünde aýlanyp,
Hasta halyň sorabilmedim, balam!
Derdim köldür, odum artar günbe-gün,
Goýduň, balam içde çözülmez düwün,
Ýolum uzak boldy, hallarym zebun,
Bir zyýarat edebilmedim, balam!
Hazan ýeli urdy, sowuldy bagym,
Sil aldy dünýäni, ýykyldy dagym,
Uçdy döwlet guşum, söndi, çyragym,
Şum pelek meýlisim dargatdy, balam!
Ölinçäm gan ýutup, nala çeker men,
Içim-daşym hijr oduna ýakar men,
Gije ýanyp, gündiz ilden çykar men,
Emma bagrym ýarabilmedim, balam!
Ölebilmen, guzym, örtenip, bişip,
Döwranlar sürmediň, ýar bilen duşup,
Üste ak öý tutup, dilberňe gowşup,
Bir maksada ýetebilmedim, balam!
Gutulmadym, iller, jebri-zulumdan,
Aýralyk belasy beter ölümden,
Dürligözel, aýrylmyşam oglumdan,
Gara ýere girebilmedim, balam!
66
63
Bu elegiýa Bäherden raýonynyň Garagan obasynda ýaşaýan Uba Reýimguly oglunyň dilinden ýazylyp
alnypdyr. TDU-niň Edebiýat kafedrasynda saklanýan T. Gurbanowyň diplom işinin goşmaça bolüminde bu
hakda: «Gökdepe urşunda Garabatyr dünýäden ötenson, onuň enesi Dürligözel Kätibä bu goşgyny
düzdürýer» diýlip maglumat berilýär. Bu maglumatyň dogry bolmagy mümkin, sebäbi şahyr «Seniň
üstünde» diýen goşgusynda-da şol uruşda wepat bolan ýigitler bilen birlikde Garabatyryň adyny hem
agzap geçýär.
DÖWRAN ELMYDAM
Bu tarapdan köp salam birle muhabbetnamalar,
Eşidip şat bolgaý erdi, tanygan ýar-joralar,
Arzuw etme, gizle görmen, köp uzatyr alalar,
Aýralykdan düşdi bu synama çoh-çoh ýaralar,
Ol Ýüsüp han birle Soltanbaýa döwran elmydam.
Has bedew, ýorga münüban, golyda şunkary baz,
Salsa ýüwrük tazylarny, elmydama, gyşu-ýaz,
Bagşylar tanbura birle, kylsa aheňi newaz,
Züljelalymdyr meniň, bu işlerimge çere saz,
Ol Ýüsüp han birle Soltanbaýa döwran elmydam.
Döwletiň ýansyn çyragy, dehri dünýä dun era,
Ogly-gyzy bir kemal bersin kerimi ol huda,
Ýaryňyz Soltan bilen ýaşyňyz barsyn ýüze,
Haýry-şer agmalyňyzny hak bagyşlasyn size,
Aýşy-aşrat, döwri-döwranlar sürüňler elmydam.
Leýli-Mejnun, Warka-Gülşa dek mylakat sizde bar,
Ol Ýüsüp birle Züleýha dek muhabbet sizde bar,
Misli Hatam Taý kibi, haýry-sahawat sizde bar,
Ol ýetim, dul hatyna ýeň birle-ýanlar sizde bar,
Aýşy-aşrat, döwri-döwranlar sürüňler elmydpm.
«Sinde» üstün, «lamda» säkin, «taý», «elibe» mutdesal,
Soň ýene bir «nuna» säkin, berseler ol ba-kemal,
Mürze Kätip, näzm ilen destana kyldylar hyýal,
Hak salamat eýlesin, bolgan (olsa) ähli-hal,
67
Aýşy-aşrat, döwri-döwranlar sürüňler elmydam.
SOWAL—KÄTIBI, JOGAP — KASYT
Sowal—Kasyt, senden men bir habar soraýyn,
Köňül hoşum, dil aramym kandadyr?
Jellat gara gözli, janym algyjy,
Köňül hoşum, dil aramym kandadyr?
Jogap—Ýeriň seniň d:ar-elfena ilinde,
Köňül hoşuň, dil aramyň andadyr.
Hamuşan şährinde, hijran çölünde,
Köňül hoşuň, dil aramyň andadyr.
Sowal—Beýle sözler sözläp, goýduň yzaýa,
Mübtela kylmyş sen sansyz belaýa,
Rast sözlegin, bende bolsaň hudaýa,
Köňül hoşum, dil aramym kandadyr?
Jogap—Kuhy-Kafda aždarhalar keminde,
Seniň üçin ýyglap, didesi hunda,
Muhyt deňizinde, bahry-Jeýhunda,
Köňül hoşuň, dil aramyň andadyr.
Sowal—Garşyda rahş urar, aý dek ýüzleri,
Şuglasy gark etmiş dagy-düzleri,
Hasta janym aldm magşuk näzleri,
Köňül hoşum, dil aramym kandadyr?
Jogap—Görmüşem men, seniň ýaryň roýuny,
Perizat diýmişler, asly soýuny,
Şähri-Şebistanda gördüm jaýyny,
Köňül hoşuň, dil aramyň andadyr.
Sowal—Ýarsyz her günlerim bir ýyldan beger,
Wagtym haýyp Ezraýyl dahanym tutar,
Şunkar uçsa oňa müň ýyldan ýeter,
Rast sözlegin, dil aramym kandadyr?
68
Jogap—Keşt eýleýip ýörmüş bagy-Eremde,
Gamdan ryýa bolur, şady horramda,
Käbe meshebinde, Beýtilharemde,
Rastym diýsem, dil aramyň andadyr.
Sowal-Şa duhtary, gozelleriň töresi,
Iki älemde näzeninler seresi,
Synamda sansyzdyr, hijran ýarasy,
Köňül hoşum, dil aramym kaýdadyr?
Jogap—Damşyk bilen Şamda, gum u, Kaşanda,
Bestam şäherinde, Rum-Ispihanda,
Käbil serhedinde, bendi-zyndanda,
Köňül hoşuň, dil aramyň andadyr.
Sowal—Kätibi aýdar, ýüz müň sözler diýesiz
Synam içre hijran dagyn goýasyz,
Köňlümiň diýary galdy eýesiz,
Adyl şahym, dil aramym kandadyr?
Jogap—Kasyt aýdar, ýaryň asly perizat,
Müň ýyl ýörse, ýetebilmez adamzat,
Çagyrgyl, başyňa düşende heýhat,
69
Sen kanda isteseň, ol hem şondadyr.
SENIŇ ÜSTÜŇDE64
Ýykylmuş şäherimiz heniz otyrmyş.
Şeýle horluk gördük seniň üstüňde,
Şäherimiziň içi doldy gan bilen,
Köpler şehit boldy seniň üstüňde.
Bir musallat geldi jahany alyp
Bir maslahat tapyldy il bolup
On bäş gün gan akdy misli çil bolup
Şeýle horluk gördük, seniň üstüňde.
Ejizlerimiz saçyn ýaýyp aglady.
Hudaý urdy pygamberler dargady,
Ýigrimi üçi, düşenbe gün dargady,
Ne jepalar çekdik, seniň üstünde.
TAMAM
70
64
Kätibiniň “Seniň üstüňde” diýen goşgusy Gökdepe urşuna bagyşlanan gussaly goşgy. Bu kitaby düzüji,
şahyryň bu taryhy eserini bu ýygynda getirmegi unudypdyr. Biz onuň käbir küpletlerini başga ýerden
tapyp, kitapça goşduk. (A.Goli)
KÄTIBI
(Izbrannyýe proizwedeniýa)
Podgotowil k peçati
Meretkuli Karryýew
Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasynyň Redaksion-neşirýat Sowetiniň karary boýunça
çap edilýär
Neşirýatyň redaktory Ç. Ataýew
Suratçy G. Ponaý
Surat redaktory A. Demidow
Tehredaktor G. I. Artykowa
Korrektor A. Tüýliýew
Ýygnamaga berildi 21/1H-1963 ý. Çap etmäge rugsat edildi 15/H-1963 ý.
71
Türkmennstan SSR Ylymlar akademiýasynyň çaphanasy. Aşgabat ş., Engels k., jaý № 4

Benzer belgeler