KALBYMA SYÝAHAT

Transkript

KALBYMA SYÝAHAT
Agageldi
Allanazarow
KALBYMA SYÝAHAT
Powestler
Nowellalar
Makalalar
Goºgular
Pýesa
UOK 894.361
A-48
Ýazyjy Agageldi Allanazarowyò eserler ýygyndysynyò
V tomuna onuò okyjylarymyza öòden belli bolan “Kalbyma syýahat” , “Çölüò deòiz günleri” powestleri bilen birlikde, nowellalardyr ertekileriòem ençemesi girizildi. Ýazyjy
“Kalbyma syýahat” eserinde türkmen halkynyò müò ýyllyk
taryhyna syýahat etse, “Çölüò deòiz günleri” powestinde ol
ajaýyp türkmen topragynyò tebiagtyny, onuò joºgunly dünýäsini wasp edýär.
Kitaba ºeýle-de ýazyjynyò döredijilik dünýäsinden söz
açýan, dürli döwürlerde ýazylan makalalardyr goºgularyò
hem bir toplumy girizildi. A. Allanazarowyò döredijiligine
mahsus bolan, Watan — onuò ojagynyò mukaddesligi baradaky
pikirler bu eseriò hem içinden eriº-argaç bolup geçýär.
KBK 84.TÜR.7
Powestler
Kalbyma syýahat
Çölüò deòiz güòleri
Kalbyma syýahat
(A.A Kareliniò ýazgylary)
Özüm ölsem ruhum goldar sizlerni
“Görogly”
etrograd buz düºenip, gar ýassanyp, öz adaty
gyºyny gyºlap otyrdy. Men her gün irden
oýanyp, penjiräniò öòünde durup, daºarynyò
dünýäsi bilen gyzyklanan mahalym, Newanyò aý berip
saga aýlanýan bölegini, üýºmek-üýºmek bolºup ýol gyralaryny, howlularyò oltumyny dolduryp oturan gar
depelerini, ºäheriò üstünde geriljiräp oturan ýüzi tutuksy ýaýbaò bulutlary, töwerekdäki keseriºip duran
jaýlaryò arkasyndan salgym atyp göze ilýän Uspenskiý
ybadathanasynyò depesi çowly gümmezini görýärdim.
Häli-ºindi çapgyn ºemal öwüsýärdi, ºäher gaýdagaýmalaºyk bolup uçuºyp ýören gar siòejiklerinden
dolýardy. Özi-de ol indi gyº düºeli bäri ºol bir Narwa
zastawasy tarapyndan öwüsýärdi. Ol tarapdan öwüsýän
ýel bolsa hemiºe doòup oturan tokaýlaryò, köl üstüniò
sowugyny öz öòüne salyp, bu ýere getirýärdi.
Ine, ºol günleriò birinde men Peterburg Çeperçilik
akademiýasyna çagyryldym. Akademiýa golaýda Türk-
P
4
men respublikasynyò ýolbaºçylaryndan hat gelip gowºan
ekeni. Ol hatda respublikanyò zähmetkeºleriò Aºgabatda
bolan W. I. Leniniò ýas mitinginde serdaryò ýadygärligini dikeltmekligi karar edendigi aýdylýardy. Respublika ºol guruljak ýadygärligi biziò akademiýamyzyò
proýektirläp bermegini haýyº edýärdi.
Görüp otursam, akademiýa ol hat bilen tanºandan
soò, ölçerip-döküp, ol ýere meni ibermegi göz öòünde
tutan ekeni. Duýdansyz, garaºylmadyk habar, özi-de
gitmek-gelmek bilen bagly bolan bir alada. Onda-da,
gör, nirik, bäri-bärde bolmadyk bir ýurda gitmeli. Oýurgandym. Görýän welin, akademiýanyò maslahatynda
meniò bir kem altmyº ýaºym hasaba alynmadyk bolara çemli.
Men ol günler öz ýanymdan özümi gezmeli ýerlerini gezen, etmeli iºleriniò esasylaryny ediºdiren, ömrüni
jemläp ýören goja hasaplap ýaºaýardym.
...Birçaklar men Peterburgyò çeperçilik akademiýasyny tamamlap, soòra-da Berliniò, Wenesiýanyò Çeperçilik akademiýalarynda tälim alypdym. Russiýanyò özge
illerde bar bolan gowy zatlary göresi gelýän, öwrenmeli
zatlaryny öwrenesi gelýän, ºol gowulyklaryò öz ilinde
hem bolmagyny isleýän janköýer ogullarynyò birisi-de
mendim.
Hyjuwym meni birde Günbatar ýurtlaryna aýlasa,
ýene birde Günorta ýurtlaryndan çykarýardy. Säher-säherler
azan sesini diòläp, Gara deòziò türk kenarlaryny ýuwan
ýerini, Wenesiýanyò dury gök asmanyny çeken günlerim5
de bolupdy. “Deòiz masgarabazy” eserim hem hut ºeýle
syýahatlaryò netijesinde döräpdi.
ªol iºim üçin men 1892-nji ýylda Petrograd Çeperçilik akademiýasynyò akademikligine kabul edilipdim.
1923-nji ýylda bolan Umumy Rus hudo nikleriniò gurultaýy meniò Russiýanyò Ni niý Nowgorod, Tombow
ýaly 17 ºäherinde surat muzeýleriniò döremegine ýardam edenimi aýratyn belläpdi.
Elli dokuz ýaºyò içinde gezilen ýerler az bolmasa-da,
meniò ýolum heniz Orta Aziýanyò üstünden düºmändi.
Orta Aziýa diýilse, men ony hemiºe Wereºaginiò iºleriniò
kömegi bilen göz öòüne getirýärdim.
Birbada näme jogap berjegimi bilmedim. Oýlanmalydy, ölçerip dökmelidi. Bu barada ýaòzydanymda,
akademiýanyò ýolbaºçylary hem meniò pikirime garºy
bolup durmadylar.
...Ýatlap otursam, meniò Orta Aziýa bilen geçen
asyryò 80-90-njy ýyllarynda az wagtlyk hem bolsa
gyzyklanan döwrüm bolan ekeni. ªol ýyllarda sebäbi ol
ülkeler bilen patyºa hökümeti içgin gyzyklanýardy.
Peterburg gazetleriniò sahypalarynda häli-ºindi ýat ülkedäki goºunyò ýagdaýy bilen baglanyºykly materýallar,
aladaçyl, ol ýerdäki goºuna janköýerlik edýän okyjylaryò hatlary çap edilýärdi. Ol hatlaryò birisinde bir
aýalyò: “ªipka ýaly galany dyza çökeren goºun, näme
üçin henizem Gökdepe galasynyò hötdesinden gelenok?” diýip beren soragy hem meniò ýadymda galypdyr. Soòraklar birnäçe gezek restoranlarda duºan, edere
iº tapman arak içiºip, jolkuldaºyp ýören, Orta Aziýa
6
ekspedisiýasyna gatnaºan iki sany çüýºedeº ofiseriò
hem gürrüòleri meniò ýadymda galan ekeni.
Olar stollaryò öòünde adam baryny ýygnap, özleriniò ol ülkede görkezen edermenlikleriniò gowuz ýerleriniò, töwerekdäki adamlaryò ýagdaýa näbeletliklerinden peýdalanyp üstüni ýetirip, bir-birleriniò gürrüòlerini
özaralarynda tassyklaºyp, göçgünli gürleýärdiler. Ol
gürrüòler töwerekde uly gyzyklanma döredýärdi. Diòleýänleriò watançylyk duýgularynyò ersmegine, elini
jübüsine urup gaýgyrman gaýta-gaýta içgi getirmegine,
ofiserleri gahryman hökmünde hezzetlemegine sebäp
bolýardy.
Ýöne men Fedor Dostoýewskiniò: “Eý, taòrym, ahyrsoòy Gökdepe urºy hem gutardy...» diýen jümlesini
okam-soò, oýlanyp ol ýerde wakanyò ofiserleriò gürrüò
beriºleri ýaly: “Bardym, gördüm, ýeòdim» bolmandygyny aòypdym. Birki günden men ähli edýän oý-pikirlerimiò Türkmenistan bilen bagly bolup ugranlygyny
syzdym. Häli-ºindi pikir gözýetimimde Wereºaginiò iºlerine
çalym berip oturan, üsti tukatlyk bilen örtülen, asmany
diýseò giòiº görünýän, ýokarsynda iki-ýeke akja bulutlar
öz peýwagtyna aýlanyºyp ýören türkmen sährasy peýda
bolup ugrady.
***
Men W. I. Leniniò guruljak ýadygärliginiò çyzgyproýektini Petrogradda, öýümde oturyp, taýyn edenimden
soò Aºgabada geldim. Özüm-de proýektim komissiýa tarapyndan tassyk edilse, dessine ýene-de maºgalamyò arasyna
7
dolanmakçydym. Proýekt taýyn bolany üçin, galybersede,
eden iºimiò hiline göwnümiò ýetýänligi üçin, onuò tiz
kabul ediljekdigine ynanýardym. Ownuk-uºak edilen bellikleri-de ýüzugra düzederin diýen tamam bardy.
Proýekt boýunça Wladimir Iliç Leniniò guýma göwresi
türkmenleriò geçmiº-taryhy, oòly medeniýeti bolmadyk
halkdygyny alamatlandyrýan ýonulyp-ýylmanmadyk dag
daºlarynyò üstünde oturdylmalydy.
Tanºym Saurowyò öýünde iki-üç gün bolup, demdynç alanymdan soò men öz iºimi Türkmenistan Ispolnitel Komitetiniò ýanynda ýörite W. I. Leniniò Aºgabatda
ýadygärligini gurmak boýunça döreden komissiýasynyò
jogapkär sekretary Aleksandr Pawlowiç Wladyçuga maslahat
üçin gowºurdym.
Garaºylan günler meni ºäher synçysyna öwürdi.
Türkmen ýazynyò bulutlary häli-ºindi Köpetdagyò depesinde, bir-birleri bilen demir-de-döweç bolºup, salºyp
alýardylar. Käte ol ýerden bölünip gaýdan bir bölek
bulut gelip, ºäheri suw-sil edip ezip geçerdi. Erikleriò,
alma agaçlarynyò gülleri yzly-yzyna patraºyp açylýardylar. Ýakymly ýaz ºemaly bilen arkasy alnan ot
çöpler gulagyndan çekilen ýaly ºüweleòli ösýärdiler.
Ähli zatlara jan girip, dünýä täzeden dogulýardy.
Göwnüòe birmahal dünýeden geçen adamlar hem
asgyryºyp, synlaryny kakyºdyryp, ýerlerinden turup,
ýene-de ile goºulyp köpüò biri bolup ýaºap ugraberjek
ýaly bolup duýulýardy. Iki-üç günden ºäheriò Teke
meýdanyndaky bazar çaýhanasy meniò islegli ýerime
öwrüldi. Men bu ýere gelip bir çetde oturardym-da,
8
nätanyº ýurduò adamlaryny, olaryò geýen geýimlerini,
ýüz keºplerini, ýöreýiºlerini ýewropalynyò nazary bilen
synlaýardym.
Aºgabat rus administrasiýasynyò bu ýere gelmegi
bilen dörän ºäher. Polkownik Kuropatkin öz otrýady
bilen bu ýere gelende, häzirki ºäheriò ýerinde Asgabat
atly kiçijik obajyk oturan ekeni. Ruslar geleninden soò,
Aºgabatda harby lagerler, daºdan salnan jaýlar peýda
bolup ugrapdyr. 1883-nji ýylda demir ýoluò gelmegi
bolsa Aºgabadyò has-da çalt ösmegine, ençeme kerwensaraýly, hatar-hatar köçeli bolmagyna sebäp bolupdyr.
Buhara, Hywa, Hyrat kerwen ýollary Aºgabadyò üstünden
geçipdir. Ol az wagtyò içinde harbylaryò, senetçileriò,
söwdagärleriò ºäherine öwrülipdir.
Matematik Sabrowskiniò ýolbaºçylygynda 1903-nji
ýylda ºäherde ilkinji rewolýusion kru ok döräpdir. Bu
ºäherde ilkinji Çernyºewskiniò, Fedorowyò gadagan edilen
iºleri çap edilipdir. Iºçileriò, söwdagärleriò, ºäher hünärmentleriniò gozgalaòlary baºlanypdyr. Soldatlaryò arasynda propaganda iºlerini alyp barmak üçin ýörite
“Soldat komiteti” döredilipdir, “Soldat” ady bilen gizlin
gazet çykarylypdyr.
“Zakaspiý oblasty, has-da Aºgabat kem-kemden rewolýusion hereketleriò gürrüòsiz uly howply merkezine
öwrülip barýar” diýip, Turkmenistanyò general-gubernatory öz berýän maglumatynda howsala bilen belläpdir...
Birnäçe günden men bu ýerdäki bazar çaýhanasynda tanalyp ugraldym. Çaýhanada hyzmat edýän Hasan
her gezek men gelip girdigim ýylgyryp, baº atyp,
9
görenligini mälim ederdi, yzysüre-de, bir çäýnek çaý
hem garbanar ýaly çaýhanada biºen nahardan salyp
getirerdi. Ony sowutman gyzgynjaklygy bilen iýmegi
maslahat bererdi. Naharlanyp otyrkam, men özümiò bu
ýere gelýän adamlaryò ünsüne düºýänimi aòýardym.
Özüm hakynda anyk näme gürrüò bolýanyny bilmesem-de, käte adamlaryò meniò oturan tarapyma seretmedik bolup seredýänlerini, özüm hakynda olaryò arasynda hyºy-wyºy gep-gürrüòiò bolýanyny duýýardym.
Bir ýola meniò gözlegime çykan Saurow hem ºeýle
gürrüòçillikleriò biriniò üstünden geldi.
Saurowlar Aºgabada ilkinji göçüp gelen rus
maºgalarynyò biridi. Onuò ömrüniò ýigrimi ýyldan
gowragy türkmenleriò arasynda geçipdi. Ol bu halkyò
taryhy bilen içgin gyzyklanýardy. Rus, ukrain dillerinde baºga-da türkmen, kürt dilini gowy bilýärdi.
Çaýhanadan çykanymyzdan soò ol ýylgyrdy-da:
- Andreý Andreýewiç, ºäher sizi tanajak bolýar, size
pal atýar - diýip, soòundan hem men baradaky ýeòseden eºiden gürrüòini aýdyp berdi. Biziò biraz beýlerägimizde bäº-alty sany bazara gelen türkmen telpeklerini gapdallarynda goýup, derçigiºip, çaý içiºip otyrdylar.
Meniò bilen gyzyklanýanlaram ºolar ekeni. Olaryò arasynda men hakynda ºeýleräk gürrüò bolupdyr.
— Birisä-hän olaryò öòem onda-munda görýän
orsum, beýlekisini welin görenim ýadyma düºenok...
— Biziò orslarymyza-ha mezemeýär, çenim çen
bolsa ol gezüwe gelen bolmaly.
10
— Ol, hol orsuò demirýol ybadathanasynda, ýüzgözi agyn tüý bolup duran adamlary töweregine toplap
çokundyryp, wagyz edýän popuna çalym edýä-le...
— ªonuò gezmäge gelen garyndaºy zadymydyr.
— Tüýlegi-hä bolköýnegiò adamlary bilen
bolºewikden gaçyp Eýrana gitdi diýibem-ä bir “myº”
etdiler.
— Öz-ä görnenok, ýogsam, hemiºeler kellesine soky
ýaly bir gara zady geýip, bazara-ha gelerdi.
— Il bir zady “myº” eden bolsa çyndyr, ºemal
bolmasa çöp baºy gymyldamaz.
— Aý, onda bi ºonuò ýerine getirilen biri bolaýmasa, sakgal-saç-a bol goýberipdir. Görersiòiz, erte birigün
ºol ýerden geçeniòizde elinde tüsseli jamy hallan atdyryp doga okap durandyr.
Agºamlaryna, köplenç, Saurowlara iki-ýeke tanyºlarym
hem-de meniò bilen tanyºmak, gürrüòdeº bolmak isleýän adamlar gelerdiler. Biz Petrograd hakynda, onda
ýaºap-öten atly hudo nikleriò, arhitektorlaryò iºleri
hakynda gürleºip oturardyk.
Bu öýe Wladyçuk hem häli-ºindi gelerdi. Men her
gezek onuò öz hödürlän iºim barada birzat aýdaryna
garaºýardym. Ol bolsa adaty gürrüòçilige goºulyºyp
oturardy. Peterburgyò süòòüne zehinini siòdiren
heýkeltaraºlar Rastrellidir Rossiniò, Manferandyr Zaharowyò, Stasowyò iºleri bilen gyzyklanardy. Respublika
hakynda gürrüòler bolardy.
Her gezek duºanymda meniò ondan öz iºimiò ýagdaýyny sorasym gelýärdi. Ýöne soragymyò: “Eý-how,
11
bu goja gaty howlugýar-ow” diýen pikiri döretmeginden çekinip, beýtmegiò gelºiksiz boljagy hakynda oýlanyp saklanýardym.
Ahyrsoòy, bir gezek gelende onuò özi proýektden
söz açyp, indi ýakyn günlerde W. I. Leniniò ýadygärligini bina etmek boýunça, Nedirbaý Aýtakowyò
ýolbaºçylyk etmegindäki Paskuskiden, Krymodan,
Stankewiçden, Dimitrewden hem-de özünden ybarat
ýörite döredilen komissiýanyò proýektini
maslahatlaºjakdygyny habar berdi.
Komissiýa agzalarynyò Aýtakow bilen Wladyçukdan
özgesi maòa nätanyº adamlardy. Nedirbaý Aýtakowyò
hem ºäheriò birki ýerinde, Gaýgysyz Atabaýewiò gapdalynda portretini görüpdim. Wladyçuk meniò oýurgananymy görüp gidende: “Hemme zat öz isleýºimiz ýaly
hem bolar, Andreý Andreýewiç” diýip, meni arkaýyn
edip gitdi.
***
Birsellem gezim etmegi niýet edip, daº çykdym. Bu
pikir mende her gün irden ukudan oýanan çagym
döreýän pikirleriò biridi. Ol soòundanam meniò geýnip
daº çykmagyma sebäp bolýardy. Adamyò ºuòa meòzeº
endiklerini Saurow “Gyzamykdan galan kesel” diýip,
atlandyrmagy gowy görýär. Men bolsa özümiò bu
endigimi birmahalky deòiz ýakasynda geçirilen günlerden galan miras hasap edýärin.
...Krymda dynç alyp, iºleýän günlerimde men her
gün irden turup, ujy çyrpylan gyrymsy agaçly gezelenç
12
meýdançalarynda ýa-da deòze golaý bir ýerde aýlanmagy, töweregiò görünmän owsun atýan ýakymly
howa deòzinden kükregimi dolduryp dem almagy,
soòundanam deòze düºüp, ukynyò iò soòkuja salgymlaryny ºol ýerde galdyryp gaýtmagy halardym.
Agºam ýene-de ýagyº ýagypdyr, onda-munda onuò
döreden köljagazlary kölçeriºip ýatyr. Her gezek ýagyº
ýagýan mahaly peýda bolýan ýer gurçuklary ýene-de
töwerekde göze ilýär. Olar ýerde yzlaryny goýup,
ýazylyºyp-ýygralyºyp, süýreniºip ýörler. Serçeler
pasyrdaºyp, sürleniºip bir ýerde durman ondan-oòa
uçuºyp, jürk-de-jürk bolºup, bazar gurºup ýörler.
Ilerligine gidýän ýole düºenimden soò, men ol ýerde
düýnki gören, maºk edýän esgerleri ýene-de görerin
diýen tama bilen Oboznyý köçesine tarap gitdim. Düýn
köçeden geçenje ýerimdäki boºlukda men ýerli halkdan
goºunçylyga alnan ýigitleriò nyzamly ýöräp, harby
tälim geçip ýörenlerini görüpdim. Özi-de olar milli
geýimle-rindediler. Eginleri gyrmyzy donly, baºlarynda
buýralary seçeleniºip duran gara silkme telpekleri, billerinde ykjam guºalan guºaklary bardy. Bir gapdalda
durup olary höwes bilen synlapdym, bu gün bolsa
öýden çykamda esgerleriò suratyny çekmegi niýet edinipdim.
ªäheriò ortarasynda töwerekden saýlanyp bir depe
otyr. Ol depäniò üstünde 1881-nji ýylda general Skobelew öz çadyryny dikenmiº, patyºadan özüne yzyna
— Peterburga çagyrýan buýrugy hem ºu ýerde alanmyº diýen gürrüòem bar. Saurow ol depäni Aºgabadyò
13
gadym geçmiºi bilen baglaýar. Bu ýerden ownuk mis,
kümüº pullaryò, küýze jäçleriniò, söweº ýaraglarynyò
tapylanyny, ol zatlaryò bolsa gadymy Parfiýa döwletinden habar berýänligini aýdýar.
Depäniò gabadyna ýetiberenimde, meniò yzymdan
aòyrdan gaty-gaty ýöräp, öz aralarynda bir zat hakynda ºowhunly gürleºip gelýän, göreçleri ºatlyk bilen
uçganaklaýan üç sany ýigdekçe ýetip geçdi-de, saga
öwrülip, ilerligine gitdi. Birsalymdan men olaryò ýol
gyrasynda, garºydaky howludan çykyp gelýän, egni
harby geýimli, baºy komissar papakly adamyò ýoluna
serediºip duranlaryny gördüm.
Garºydan öz maýdalyna ýöräp gelýän adam oglanlaryò deòine ýetende, aýak çekip, olaryò salamyny
aldy hem olar bilen biraz gürleºip durdy. Harby lybasly adam ýoluny dowam etdirensoò, oglanlar hem
serpiliºip ºol ýerden yzlaryna dolandylar.
Hem käte ýeòselerine öwrülip serediºip geliºlerine öz
aralarynda ýene-de ºowhunly jammyldaºyp ugradylar.
Oglanlar deòime gelende, meniò birzat diýmekçi bolýanymy aòyp, aýak çekdiler.
— Oglanlar, gaty irläpsiòiz-le? — diýip, men olara
ýüzlendim. Bagtyma olaryò birisi rus dilinide patdyksutduk bilýän ekeni.
— ªu ýerden Gaýgysyz aga iºe geçýär, biz ºony
görmäge, oòa salam bermäge gaýtdyk, — diýip, burnunuò bir gapdaly meòli oglan ýaòky gürleºen adamlarynyò yzyndan seredip, göwnühoºluk bilen gürledi.
14
— Gaýgsyz agaòyz, Atabaýewmi?
— Hawa, Gaýgysyz Atabaýew. Biz “Salawmaleýkim,
Gaýgysyz aga” diýdik. O-da: “Aleýkim, ýigitler, ir bilen
sowukda beýdiºip digdireºip nirik barýaòyz?” diýdi.
Bizem oòa: “Size salam bermäge geldik, Gaýgysyz aga”
diýdik. Ol ýylgyryp, soòundanam: “Gör-le, bularyò
bolup ýörºüni, iºiòiz bilen bolsaòyz bolmaýarmy! Okuwyòyza yhlas ediò!” diýdi..
Soraºdyryp dursam bular uzak obalardan Aºgabada
mugallymçylyk kursuny okamaga gelen oglanlar bolup
çykdy.
Dolanyp gelip Saurowa öz gören wakamy gürrüò
berenimde, ol meniò sözüme birjigem geòirgenmedi.
Gaýta meniò gören wakam biziò Gaýgysyz Serdarowiç
Atabaýew hakynda pikir alºyp, gürrüòleºip oturmagymyza sebäp boldy. Saurow ilki özüniò hem Atabaýewiò
öýüniò töwereginde Respublikanyò dürli ýerlerinden,
onuò bilen ýörite duºuºmaga gelýän adamlary telim
gezek görenligini aýtdy. Onuò ähli türkmen tireleriniò
arasynda uly hormatdan peýdalanýandygyny, ºeýle
ählihalk söýgüsine geçmiºde ýeke-täk Magtymguly ºahyryò
mynasyp bolandygyny gürrüò berdi. Özüçe türkmenleriò taryhyna ser salyp, mysallar getirdi. Rewolýusion
ýollarda Atabaýew bilen bolºewik W. W. Kuýbyºewiò
“Gudrat bilen doglan...” diýip, oòa beren bahasyny
ýatlady. Soòundanam: “Göwni ýetmese belli rewolýusioner oòa ºeýle baha bererdimi?” diýen manyda meniò
ýüzüme seredip, öz pikirini ýene-de bir gezek nygtady.
Men öz ýanymdan: “Gaýgysyz Serdarowiç hakynda
15
gürlemeli bolsa bu ýeriò orsy-türkmeni iki paý-ow”
diýip oýlandym.
***
Men ýene-de Aleksandr Sergeýewiç Puºkiniò ýadygärliginiò öòüne geldim. Aºgabada gelenim bäri öò hem
men bu ýerde birnäçe gezek bolupdym. ªahyryò ýadygärligini synlap, onuò goºgularyny ýatlap durupdym. Ilkinjileriò biri bolup onuò türkmenleriò arasyna gelmegine
guwanypdym.
Ýadygärligi bu ýerde rus ofiserleri öz harajatlaryna
gurdurypdyrlar.
Bu gezek meniò ºahyryò huzuryna gelmegimiò sebäbi, ähli zady türkmenler bilen baglamagy gowy
görýän Saurowyò birki günlikde eden gürrüòi bolupdy.
Ol ºahyry Kawkaza syýahata getiripdi-de, ony bu
ýerde Parhat beg atly bir türkmen bilen duºuryp
oturyberipdi...
Parhat beg ºol wagt Kawkazdaky bir musulman
polkynda gulluk edýän ekeni. Ol 1828-1829-njy ýyllardaky rus-türk urºunda özüniò gaýduwsyzlygy, edermenligi bilen tanalypdyr. ªahyr hem Parhat begiò
edermenligi hakynda bu ýerde gürrüòdeº bolan ofiserlerinden eºidipdir. Parhat beg bilen gyzyklanyp, onuò
bilen duºuºyp, gürrüòdeº bolupdyr, depderçesine suratyny çekipdir.
ªol duºuºyk soòundan ºahyryò “Parhat beg”
goºgusynyò döremegine sebäp bolupdyr.
16
Men bu gezek ýadygärligiò öòünde ºahyryò ºol
goºgusyny ýatlap durdum.
Söweºde ºöhratyò düºüp yºgyna,
Görmegeý goç ýigit, öte geçme sen!
Urma sen özüòi ganly jeòlere,
Garabaglylaryò hümeri bilen.
Saòa ölmüò ýoklugynam bilýärin,
Ýogsam sen gylyçlaò arasynda, gör!
Sarpa goýup görküò-görmegiòe seò,
Ezraýyl ýeòsäòden oýtarlap geçer.
Ýöne görýän, bu söweºleò içinde,
(Sen özüòi tapyp bilmersiò gaýdyp).
Sadalygòy hemem mylaýymlygòy,
Gorkýan hemiºelik ýitirsiò öýdüp.
***
Ýörände birneme küýkeribräk ýöreýän çokga sakgallyja, gözleri pökgeribräk duran goja Ruwim Moiseýewiç meniò gelýänimi, penjireden görüp, garºylamak
üçin daº iºige çykdy.
— Geliò, geliò, geljegiòizi bilýädim, Andreý Andreýewiç — diýip, hoºamaýlyk etdi.
Ruwim Moiseýewiç bilen men Wladyçugyò öýünde
tanºypdym. Ol ýerde biz Saurow, ýene-de bir nätanyº
Sitnow diýilýän bilen bäº bolup oturypdyk.
Bu mylakatly gürleýän gojanyò özi-de hudo nikdi.
Onuò “Ýaraly kerwen” iºine meniò göwnüm ýetipdi,
onda çöl içi düýeli kerwen ýol söküp geýärdi. Her
ýerde bir gysym çöp görünýän çöl meýdany bilen
17
kerweniò öòüni ýaraly eli boýnundan asylyp, egni
ýaragly bir ýerli ýigit çekip gelýär. Düýeleriò üsti agyn
ýaraly: kimsiniò aýagy saralgy, kimsiniò kellesi. Yzky
düýäniò howduna birnäçe agaç ýaralylar ýatar ýaly
edilip taýýarlanypdyr. Onda iki sany ýaraly — olaryò
hersi düýäniò bir ýanynda, ortada bolsa agyr ýaralylara göz-gulak bolup gelýän rus gyzynyò aladaly ºekili.
Maòa has-da suratda çölüò berliºi ýarady, ol meniò
otluda ýol söküp gelýän wagtym gören hem kagyza
geçirmegi arzuw edinen çölümdi. Ruwim Moiseýewiç
meni ilki zala aýlap, öz ºägirtleriniò çeken suratlary
bilen tanyº etdi. Hem maòa bu ýerde surat çekmek
üçin kagyz, reòk, kist tapmagyò kyndygyny, studiýanyò köp okuwçylarynyò, atyò ýalyndan ýasalan ugursyz
kistlerde iºleýändigini aýdyºdyrdy. Soòundanam bu
ýagdaýlaryò wagtlaýyndygyny, respublika özüni ele
alsa ähli zadyò düzeljekdigini, eýýäm GÖSM-niò respublikanyò ýolbaºçylaryò ünsüne düºendigini, maòa
buºlaýan äheòde ýatlady.
Okuwçylar bilen duºuºyk mahalynda meniò piterli
hudo nikdigim, Aºgabada W. I. Leniniò bina ediljek
ýadygärligini proýektirlemäge ýörite gelenligim okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Peterburg hakynda,
onuò çeperçilik akademiýasy hakynda, ºäheriò arhitekturasy hakynda giòiºleýin gürrüò etmeli boldum, Leniniò bu ýerde dörediljek ýadygärligi ýaº hudo niklerde
has-da köp soragyò döremegine sebäp boldy. Men olara
W. I. Lenin bilen duºuºygymy gürrüò bersem-de, ýadygärligiò proýekti, onda-da ºindi kabul edilmedik proýekt
18
hakda gürlemekden saklandym. Kabinetinden gaýdyp
gelenimizden soò Ruwim Moiseýewiç bir zady ýadyna
salyp, çokgaja sakgalyny sypalaºdyrdy hem öz ºägirtleriniò
arasynda ýerli milletden bolan bir zehinli oglanjygyò
barlygyny aýtdy. Ruwim Moiseýewiç ol oglanjyga
ºägirtlerine ºäher bazaryny çekdirýän günlerinde gabat
gelipdir. Oglanjyk Aºgabadyò etegindäki obalaryò birinden ºähere bede satmaga gelen ekeni. Onuò özi ýaly
oglan-gyzlaryò dümtünip surat çekýänine syny düºüp,
olaryò ýanyna gelipdir, hem wagty bilen ol töwerekden
gitmändir. Ruwim Moiseýewiç surat çekýänleriò töwereginde oglanjygyò gaz-ganat bolup ýörºüni görüp,
onuò bihal däldigini aòypdyr. “Al, senem çekip görseò”
diýip, oòa kagyz-galam hödür edipdir. Oglanjyk birbada nätjegini bilmän ýaýdanypdyr, soòundanam özüne
berlen galam-kagyzy ýerde goýupdyr-da, öz düýesini
onuò üstündäki ýüki bilen gumak ýere çekip görkezipdir. Ruwim Moiseýewiç onuò özüne gerekli oglandygyny bilip, studiýa okamaga alypdyr. Ol: “Meniò Bäºim
Nuralym zehinli ogul, ol oòat hudo nik bolar, men
Bäºim hakynda ýoldaº Atabaýewiò özüne hem aýtdym,
ol bolsa maòa: “Ruwim Moiseýewiç, biz siziò il-güne
gerek adamlary ýetiºdirip berjekdigiòize ynanýarys...”
diýdi — diýip gürrüò berdi.
Duºuºyk mahaly orta gürpde uzyn gawunkelle bir
oglan otyrdy. Ruwim Moiseýewiçiò gürrüòini edýäni
hem ºol bolmaly.
Dolanyp yzyma gelsem, öòde maòa Wladyçugyò
goýup giden haty bilen begençli habar garaºýan ekeni.
19
“Gadyrdan Andreý Andreýewiç! Siziò azabyòyzyò
ýerine düºenini aýtmaga howlugýan. Gutlaýan, komissiýa proýekti oòlady. Bellikler, soraglar hem bar, ýöne
bu hakda soò. Iò esasy zat, proýektiò kabul edilmegi.
Indi bir Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiò özüne
görkezäýmek galdy, ol häzir Moskwada. Indiki hepdäniò bir ýerlerinde dolanyp gelýärmiº. Geldigi ony-da
siziò proýektiòiz bilen tanyº ederis.
Eliòizi ýene bir gezek pugta gysýaryn.
Siziò Wladyçugyòyz.
Öýde ýok ekeniòiz, garaºmaga mümkiçilik bolmady.”
***
Saurowlar agºamlyk naharyny stola äbermäge taýynlanýardylar, Indi hä diýmän öý eýesi iºden gaýdyp
gelmelidi, biz jemleniºip nahar stolunyò baºyna geçmelidik. Men gapdaldaky otagda Aºgabada gelip çekiºdiren
suratlarymy gözden geçiriºdirip otyrdym. Öýüò içinde
Saurowyò gyzjagazy Maºa gonup-gopup höwes bilen
ejesiniò nahar bilen bagly aladalaryna kömek berip
ýördi. Ol bir zat gözläp oturan otagyma girende men
oòa:
— Maºenka, eger kömekçi dagy gerek bolaýsa
çekinmän aýdaýgyn. Gap-gaç ýuwmaga hem kelemli
rus çorbasyny taýynlamaga peterburglylaryò arasynda
menden ezberi ýokdur! — diýýärdim. Maºa meniò
degiºmäme düºünýärdi hem ýüzüme seredip ºadyýan
ýylgyrýardy.
20
— Bolýar, Andreý Andreýewiç! Kömek gerek bolanda
özüm çagyraryn, häzir bolsa siz arkaýyn suratyòyzy
çekiberiò — diýýärdi.
Nahar taýyn bolsun, ºonda hökman sizi iýmäge
kömek etmegiòizi sorap çagyrys diýen manyda ýeserlik
bilen ýylgyrýardy.
Gapy açylyp, kimdir biriniò gelip gireni belli bolan
mahaly, men ony garaºylýan Saurowyò özüdir öýdüpdim. Ol gelen Wladyçuk bolup çykdy. Bu gezek ol
Saurowlara adaty gürrüòçilige däl-de, ýörite meniò
yzymdan gelen ekeni. Ol gapynyò agzynda duran
ýerinde, meni ýene-de bir sagatdan respublikanyò Halk
komissarlar Sowetiniò baºlygy Gaýgysyz Serdarowiç
Atabaýewiò kabul etjegini aýtdy. Soòundanam sagadyna seredip howlukdyrdy.
— Andreý Andreýewiç, tizräk geýneweriò! Gaýgysyz
Serdarowiç gijä galynsa halaýan däldir. Onsuzam onuò
aladasy baºyndan agdykdyr, wagty çäklidir.
— Düºünýän, düºünýän. Onuò gijeleriòem köpüsini
kabinetinde geçirýänini siz maòa aýdypdyòyz — diýip,
öò bir gürrüòçilikde aýdan sözlerini ýatladym.
— Men siziò ilkinji duºuºygyòyzyò akademik Gubkiniò duºuºygy ýaly bolmagyny islämok.
— Nähili duºuºyk bolupdyr — diýip, men akademi-giò ol duºuºygy bilen gyzyklandym.
— Gaýgysyz Serdarowiç akademik Gubkin bilen ir
sagat onda duºuºmakçy ekeni. Akademigiò ýanyna
goºulan wekil duºuºyga wagtynda barmagy ýatlatsa-da
ol howlukmandyr, gaýta:
21
— Biziò ýaly adam Atabaýewiò kabinetine häliºindi gelibem ýörän däldir. Ol bizi haçan barsagam
kabul eder — diýipdir.
Garaºylýan akademik ne ýarym sagatdan gara
beripdir, ne-de bir sagatdan. Gaýgysyz Serdarowiç
garaºyp-garaºyp kabinetinden çykyp barýarka, birinji
gat bilen ikinji gat aralygyndaky basgançakda olar
gabat gelipdir.
— Salam, ýoldaº akademik!
— Salam, ýoldaº Atabaýew!
— Ýoldaº Gubkin, Siz rewolýusiýanyò bir sagat
wagtyny ýele sowurdyòyz!
Ol ºeý diýipdir-de, indi bireýämden bäri özüne
garaºyp, gapynyò öòünde duran maºynyna tarap geçip
gidipdir.
Men Wladyçugy diòläp, onuò bu gürrüòi “Bizem
ýene ºol gelºiksiz ýagdaýa düºäýmäli!” diýen äheòde
aýdýanyny duýdum. Ol howluksa-da, men Atabaýewiò
ýanyna baranymda, maslahatlaºmaly meselelerimi, ºol
ýerde özüme ýatlatmak üçin depderçäme bellik etmän
onuò yzyna düºüp biljek däldim.
1. Serdaryò ýadygärligi üçin goýuljak ºekiliò materýalyny we onuò goýuljak ýerini anyklaºdyrmaly.
(Men W. I. Leniniò ör boýuna duran ºekili Moskwada,
ýa-da Leningradyò zawodlarynyò birinde goýlar diýen
pikirdedim.)
2. Ýadygärligiò bina ediljek ýerini iºe taýýarlamak
meselesini gürleºmeli.
3. Gurluºygy tizleºdirmegiò aladasyny etmeli...
22
Diòe ºundan soò men belliklerimi ýanyma alyp,
Wladyçugyò yzyna düºdüm. Gaýgysyz Serdarowiç meniò
bir özümi kabul etdi. Onuò ikiçäk bolnanda ine-gana
maslahat etmäge amatly bolar diýip pikir eden bolmagy mümkin. Kabinete giren mahalym uly jaýyò
töründe stoluò baºynda oturan egni komissar keltekçeli,
saçlary gapdala gaòrylyp tertibe salnan, dogumly adam
görüºmek üçin ör turdy.
— Andreý Andreýewiç!
— Edil özi.
— Siziò geleniòizden habarym bar.
— Men siziò Petrograd Çeperçilik akademiýasyndan eden haýyºyòyzyò jogaby. Hyzmatyòyza ýaramaga geldim.
— Gaty gowy. Biz size garaºypdyk.
Maòa oturmaga orun görkezensoò, onuò özi-de ýene
stol baºyna geçdi. Meniò gelip girenimi görüp, gapdala
goýan galamyny täzeden aldy. Hal-ahwal soraºyp, meniò
ýaºaýºym, ýagdaýlarym bilen gyzyklanyp oturdy. Onuò
öòündäki bellik depderçesinde “Akademik A. A. Karelin!” diýen ýazgy peýda boldy. Ol bu jümläniò aºagyny
elindäki galam bilen çyzansoò, ºol ýerde soòundan öz
ýadyna düºürmek üçin birnäçe bellikler ediºdirdi. Halahwal soraºylýan mahalynda, men özümiò komissiýa
hödürlän proýektli papkamyò Atabaýewiò stolunyò
birýan çetinde duranyny gördüm. Gürrüòimiziò ahyrsoòy aýlanyp-öwrülip gelip, ºol papkada jemlenjegine
ynandym. Men Atabaýew özüm bilen W. I. Leniniò
ýadygärligini döretmegiò, oòa gerek boljak materýal23
laryò, çykjak harajadynyò maslahatyny etmekçidir diýip
çak edýärdim. Ýadygärligi bina etmek meselesiniò indiki oýlanyºmaly çözgüdine garaºýan tarapy hut ºu,
onuò gurluºygy bilen bagly bolan tarapydy. Atabaýew
bilen duºuºukdan soò men özüm üçin gowulyga garaºylýan
pursadyò baºlanjagyna, ol pursadyò hem öz gezeginde
Serdaryò ýadygärliginiò bina edilmegi bilen, pikir ediºim
ýaly, onuò açylyº dabarasy bilen gutarjagyna pugta ynanýardym.
Gaýgysyz Serdarowiç esasy meselä geçmäge howlukmady. Ol Petrograd bilen, onuò arhitekturasy bilen
gyzyklanyp oturdy. Özüniò Petrogradda bolanda, ol
ýerde gören zatlarynyò käbirini ýatlaºdyrdy. Onuò bu
gürrüòleri meniòem Petrogrady ýatlamagyma, Rastrelliniò, Stasowyò iºleri barada, ol iºleriò ºäher arhitektura
ansamblynda tutýan orny barada, ol iºleriò ºäher arhitektura ansamblynda tutýan orny barada gyzygyp
gürrüò bermegime sebäp boldy.
Yzymy, çagalarymy küýsäp ugrapdym. ªonuò üçinem
maòa Petrograd hakynda gürlemek ýakymlydy. Ol
hakynda gürläp ugrasam, hoºtap bahar ºemaly ýüzümi
sypap geçýän ýaly bolýardy. Içki harasadym güýçlenip,
aýdasym gelýän zatlarym goºgy bentleriniò gelºi ýaly,
topbak-topbak bolºup dilime gelýärdi. Gürlän mahalym
men arhitekturalaryò awtorlaryny, Newa prospektini,
onuò bir öwrümindäki öz iki gatly öýümizi göz öòüne
getirip gürleýärdim. Gyzlarymyò öýümüziò tanyº penjiresinden özüme seredýänlerini görýärdim...
24
Gaýgysyz Serdarowiç galamyny barmaklarynyò arasynda oýnap oturyºyna meni diòleýärdi. Oýurganýardy.
Käte-de baº atyp meniò gürrüòlerimiò käsini ýetirýärdi. Men gürleºip oturyºymyza arhitektura baradaky
professional gürrüòlerimiò Atabaýewde: “...Bu goja ýöne
goja däl ekeni” diýen pikiri döredendir diýip, buýsançly oýlanýardym.
— Siziò, Andreý Andreýewiç, gündogar bilen gyzyklanan taryhçy alymlaryò arasynda ýakyn tanºyòyz-a ýokdur-da? - diýip, Gaýgysyz Serdarowiç gürrüò arasynda
garaºmaýan soragym bilen maòa ýüzlendi.
— Aý, ýok bolsa gerek — diýip, men bu gepiò
döremegine nämäniò sebäp bolanyny bilmän geò galdym.
— Akademikler Bartold, Ýakubowskiý, Romaskewiç,
Bertels, Belýaýew — diýip, ol adam atlaryny agzap,
öz pikirini has-da anyklaºdyrdy.
Bartold, Ýakubowskiý, Bertels, ýaly alymlary bilsemde, men olaryò hiç birisi bilenem tanyº däldim. Belýaýewiò, Ramaskewiçiò atlaryny bolsa ilkinji gezek eºidýärdim.
Ol Leningrada ºol adamlar bilen duºuºmaga, maslahat ediºmäge ýörite barmakçydygyny, özi-de sypynyp
bilse indi uzaklaºdyrman ol ýere gitmekçidigini gürrüò
etdi. Görüp otursam, Atabaýew Gündogarºynas alymlar
bilen duºuºyp, olaryò kömegi bilen türkmen halkynyò
dürli dillerde ýatan taryhyna degiºli materýallaryny
toplamagyò, olary neºir etdirmegiò aladasyny edip ýören
ekeni. ªu gürrüòlerden soò, men Rasstrelli, Manferan,
Stasow hem sag-salamat ºu günlere çenli gezip ýören
bolanlygynda, Atabaýew olary-da respublikanyò ala25
dasyndan çetde galdyrmazdy diýen pikire geldim. Belki-de, W. I. Leniniò ýadygärligini hem hut ºol ussatlaryò birine proýektirlederdi diýip oýlandym.
Respublika hakynda gürlände, ol Türkmenistanyò
sag diwara gerlen kartasyna gözüni aýlap gürledi. Kartanyò ýüzüne gyzyl, gök galam bilen bellikler edilipdir.
Bu bolsa häli-ºindi onuò öòünde durulýanlygyndan,
halkyò, respublikanyò ýagdaýyny ýatlap kelle döwülýänliginden habar berýär. Kartanyò ýokarsynda
M. W. Frunzäniò portreti bar.
Gaýgysyz Serdarowiç gürrüò arasynda “Biziò
W. I. Leniniò ýadygärligini paýtagtymyzda juda göresimiz gelýär. Türkmen halky onuò öz aralarynda bolmagyny, häli-ºindi ony görüp durmagy isleýär. Biz serdaryò
ýadygärligini bina etmek üçin, elimizden gelen zatlar-a
bir ederis, gelmedik zatlaram etmäge çalºarys...» diýse-de,
proýektli gürrüòe juda golaý gelse-de, näme üçindir,
ýene-de proýekt hakynda kelam agyz diýmedi. Meniò
proýektli papkam bolsa henizem ºol ýatan ýerinde ýatyr.
Atabaýewiò özüni alyp barºy, hamala, ol proýekt
baradaky bolmaly gürrüòi hatda stolunyò çetinde duran papkany-da unudana meòzeýär. Menem ondan
dogrulap proýekt hakynda soramagyò ebeteýini tapmadym. ªeýle-de meniò kalbymyò bir ýerlerinde: “Bu
näme boldugykan? Asla men näme üçin bu ýere çagyryldymkan?!» diýen sorag peýda bolup ugrapdy.
W. I. Leniniò ýadygärliginiò proýekti hakyndaky edilmeli
gürrüò soòundanam edilmedi. Men birbada özümiò ol
ýere çagyrylmagymyò sebäbine düºünip bilmän alada
26
galdym. Galyberse-de, men öz proýektimi kämil hasap
edýärdim. Onuò ºol kämilligi bilenem hemmeleriò
göwnünden turjaklygyna ynanýardym. Ukusyz aladaly
gijeler, döredijiligiò diòe dörediji adamlara düºnükli
bolan bagtly minutlarynyò ençemesi, bularyò hemmesi
yzda galypdy. Men Atabaýewiò ýanynda otyrkam,
Gaýgysyz Serdarowiç maòa respublikanyò adyndan
proýekt üçin minnetdarlyk bildirer, ºol-da proýektiò
gutarnykly tassyk boldugy bolar diýip pikir edýärdim.
Ol ýerden dolanyp gelenimden soò meniò iºim
duºuºugy ýatlap böwrümi diòlemek boldy. Men haýsydyr bir gerek zadyny zibile atyp, soòam ol ýerdäki
zatlary ýekme-ýekden alyp gözden geçirip, ºol ýitiren
zadyny gözläp oturan adama meòzedim.
Gezen ýerlerimde hem: “Bu näme boldugykan?”
diýen pikir meniò kellämden gitmedi. Birde Atabaýew
meni ýanyna Leningrada belet adam hökmünde,
gündogarºynas alymlar hakynda pikir alyºmak üçin
çagyrandyr diýibem çak edýärdim. Kelläme gelen bu
pikirleri ýene-de ºahyryò ºygryndaky göwnüme batmaýan setirlerini ret ediºi ýaly, ret edýärdim.
Düºnüksizlikden aýdyòlyk gözlýärdim. Käte bolsa men
baºga-baºga zatlar hakynda pikir edip, kalbymdaky
ünjini basmaga çalyºýardym. Ýöne nätsem-de, bu aladanyò azabym bilen bagly bolany üçin, ondan doly
sabap bolmaýardy.
Irden meýdana kowlan atyò giçlik ýatagyna gaýdyp gelºi ýaly, men-de ýene birsalymdan öz ünjüli
pikirlerime dolanyp gelýärdim.
27
“Andreý Andreýewiç bize Lenin juda gerek, halkymyz onuò öz aralarynda bolmagyny isleýär, ýadygärligi bina etmek üçin biz elimizden gelenin-ä bir ederis,
elimizden gelmedik zatlary hem etmäge çalºarys...” diýip, Atabaýewiò sözlerini ýatlaýardym. “Ýeri, ºeýle
bolsa onda näme üçin taýyn proýektiò adyny hem
tutmadyò?” diýip, pikirimde Atabaýewe ýüzlenýärdim.
Käte bolsa, ol bu gezek meni hälki bir adaty tanyºlyk
üçin ýanyna çagyrandyr diýip öz-özüme göwünlik
berýärdim. Tanyºlarymyò hemmesi meniò töweregimiò
ºüweleòçilerine öwrülipdiler. Hemmeler menden öz
baºarýan hyzmatlaryny aýamaýardylar. Olaryò bu
hereketleri bolsa meniò, bu prolekti özümden baºga
döretjek adam ýok diýip, badyhowalyk bilen oýlanmagyma sebäp bolýardy.
Proýekt hakynda hiç hili gürrüò bolmazlygy ilki
bilen-ä meniò öz iºime bolan göwniýetijilikli duýgularymy kemsitdi... Has-da duºuºyk mahaly Peterburg arhitekturasy, arhitektorlary hakynda köp gürlänligim,
ajaýyp iºleri taryplap, ºol bir wagtda bolsa duýmazdan
öz proýekt iºimi aýak astyna atanymy soò bildim. Öz
jogabymy özüm beripdirin ahyry diýip oýlandym. Her
gezek bu pursat ýadyma düºen mahaly Gaýgysyz Serdarowiçiò keºbi maòa gyjalatly seretdi. “Andreý Andreýewiç, siziòem iºiòiz ºol gürrüòini eden arhitekturalaryòyz ýaly akyl-paýhas siòen, göwün awlap biljek iºmidir?» diýip, sorag berdi.
Wladyçuk bilen Atabaýew goºunçylyk günlerinden
bäri ýakyn tanyºdyklaryny ýatlap: “Ol hem ýoldaº
Atabaýew meniò proýektimiò taýyn iºdigini düºündirip
28
bilmedimikän? Onda bu ýerde bir gep-ä bolmaly, ol
gep nähili gepkän?” diýip alada galdy.
ªol duºuºykdan soò birki gün geçipdi. Bir gezek
gijaralar Aleksandr Pawlowiç birnäçe papkany gujaklap, meniò öýüme geldi. “Gaýgysyz Serdarowiç, akademigi bu iºler bilenem tanyºdyryn diýdi” diýip, olary
meniò üçin getirenini mälim etdi. Ol papkalarda
W. I. Leniniò ýadygärligini gurmak üçin yglan edilen
konkursa gatnaºyp tapawutlanan, ýöne haýsydyr bir
sebäplere görä henize-bu güne çenli gurulmadyk bäº
sany proýekt-iº bar ekeni. Olaryò arasynda Mirimulliniò iºi has-da tapawutlanýardy.
Onda W. I. Lenini Ýer togalagynyò depesinde elini
Gündogara salgap duran pursady ºöhlelendirilipdir.
Göwnüme bolmasa, tanyºdyrylma bahanasy bilen iberilen bu iºler hem: “ªularyò haýsy birisi siziò iºiòizden
kem, ýoldaº akademik?” diýip, sorag berýän ýaly bolubam dur. Ol iºleri öz iºim bilen deòeºdirip görsem, bu
hakykatdanam ºeýle. Ilkinji gezek kelläme, görýän weli
bular menden baºgaça proýekte garaºan bolmaly diýen
pikir geldi.
...Proýekt hakynda Atabaýewiò gürrüò etmezligini
hem men özümçe proýekt entek gürrüò edeniòe degenok diýip düºündim. Oýlandygymça pikirlerim meniò
ynjalygymy gaçyrdy.
***
Änew metjidini synladym. Ine, hut bir sagat mundan öò meniò ºol ýerden gelip durºum. Ol Aºgabatdan
29
ºeýle bir uzakda hem däl ekeni. Häzir ol ýerde Änew
obasy gadymy ºäheriò günorta-gündogar etegini eýeläp
otyr.
Wladyçuk sözünde tapyldy, ir ertir ol iki sany
eýerlenen aty alyp geldi. Biz atlanyp ýola düºdük.
Änewiò ajaýyp metjidi hakynda men gürrüòçilikde
eºidipdim. Onuò bilen gyzyklanypdym, soraºdyryp oturypdym, ºonda Wladyçuk maòa: “Andreý Andreýewiç,
türkmenleriò “Eºiden deò bolmaz gören göz bilen”
diýen nakyly bar. Bir mümkinçilik bolanda özüm sizi,
ol ýere metjit bilen görme-görºe äkiderin” diýipdi.
ªäherden çykan ýeriòden eýýäm çöl alamatlary
peýda bolup ugraýan ekeni. Ümsümlik, böwrüne diò
salyp oturan çola meýdan. Ýeòsäòe gaòrylyp sereden
wagtyò yzda gara görnümde galan ºäheriò çugdamlanyp oturany görünýär. ªäheriò üç tarapyny Garagum
çöli gallap alypdyr. Ileri tarapyny Köpetdag tutup otyr.
Ol häzir haýsydyr bir jandaryò geler ýoluna göz dikip,
sabyr saklap ýatan äpet bir ýolbarsa meòzeýär.
Gadymy syýahatçylar Änewiò öz döwründe gülläp
ösen Parfiýa döwletiniò ºäherleriniò biri bolandygyndan habar berýärdi.
Onda millionlap adam ýaºapdyr. Deòeºdirilende ol
hemiºe uçmah bilen deòeºdirilipdir.
Üstünden köp döwür döwrany geçiren Änew harabaçylygy böwrüni diòläp ýatyr. Ol iò soky gezek
1850-nji ýyllarda wagºylarça tozdurylypdyr. Änew metjidi
häzir ºol uly döwletden galan ýeke-täk ymarat. ªol
metjidi Temirleòiò çowlugy Abdyl Kasym Bahadurhan
30
saldyrypdyr diýip takyklaýarlar. Ýöne metjit diwarlarynyò ýüzündäki bir-birlerine owsun atyºyp oturan
iki a darhany göreniòden soò, bu aýdylýan takyklama
ýene-de birden nätakyklyk bolaýmasyn, musulmançylyk janly zady ºekllendirmegi gadagan edýär. Bu ýerde
bolsa a darha ºekillendirilipdir, ol musulmançylyk
döwründen bir depik, ýarym depik aòrynyò salgyny
berýän bolaýmasyn diýip oýlanmagyòa sebäp bolýar.
Metjit harabaçylygyò ortasynda wagt hökmürowanyò
özüne okaýan hökümini, garºydaºynyò goluna bendi
bolup düºen mert serkerdäniò özüni tutuºy ýaly, baºyny
belent tutup, diòläp otyr..
Içine giremsoò wagty bilen meniò ol ýerden çykasym
gelmedi. Onuò ýüzünde ussatlarça edilen oýunlar, ajaýyp keramikasy meni haýran galdyrdy. Ençeme döwletleri
gezen-de bolsam, men henize bu güne çenli beýle ajaýyp keramikany hiç ýerde görmändim.
...Eý, taòrym, gör, men nämeleri görýärin. Çölde,
ºeýle ajaýyp zat harabalygyò ortasynda somalyp otyr
diýseler kim ynanar. Hatda özüm-de görmedik bolsam,
öl-bar, ynanmazdym.
Metjidiò bezeginde ýekeje-de kerpiç ulanylmandyr,
oòa derek dürli ölçegdäki guýma daºlar ulanylypdyr.
Özi-de ol daºlar ýörite usullar bilen dürli ölçeglerde
biºirilipdir.
— Niçik gördüòiz, Andreý Andreýewiç — diýip,
Wladyçuk öz gapdalyndaky diwarlaryò biriniò syrçasyny sypalady.
— Hazyna, baºga hiç zat däl. Öwrenmeli zat kän...
31
— Öwrenmeli zat entek biziò agtyk-çowluklarymyza hem ýeter. Ýöne ýere biziò ata-babalar bu ýerleri:
“Etegi çaòly, gursagy göwherli, düºnüksiz Aziýa» atlandyran däldir-ä.
— Siz, mamla, Aleksandr Pawlowiç, siz mamla. Siz
meni juda ajaýyp zat bilen sataºdyrdyòyz — diýip, bu
ýere getireni üçin, men oòa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdim. Biz ot ýakynyp, metjidiò gapdalyndaky
açyklykda nahar edindik.
Wladyçuk türkmenlere meòzäp aýaklaryny çalºyryp,
aýbogdaºyny gurap oturdy. Menem oòa meòzejek boldum, ýöne endigiò ýetmeýäni belli boldy, aýaklarym
tiz ýadady. Gurºan aýaklarymy uzyn salyp oturmaly
boldum.
— Seniò ýaly oturmany menem-ä öwrenmeli —
diýenimde Wladyçuk murtyny sypap hem ýaòsa alynýandyryn öýdüp, ortada ýakan odumyzyò közüni elindäki
çöpjagaz bilen bir ýere üýºürip oturyºyna ýylgyrdy.
— Andreý Andreýewiç, gadyrdan. Öwrenmeli zat
kän. Özi-de adam ýaºadygyça onuò öwrenmeli zady
ºonça köpelýär. Ana, mysal, her halkyò dili. Ol halkyò
adamzat üçin döreden iò mukaddes zady. Dil töweregi
açyk, isleseò gelip giräýmeli ºähere meòzeýär. Meniò
Saurowa gözüm gidýär.
— Sizem türkmen dilini bilýäòiz ahyryn.
— Ugursyz. Has gowy bilmeli. Halkyò dilini bilmeýän adam, onuò ýüregini hem bilmez. Ençe ýyllap bir
halkyò içinde ýaºap, onuò bilen duz-emek bolup, dilini
32
bilmezlik bu bir tarapdan ºol halky äsgermezlik, galyberse-de, ol adamyò özüniò medeniýetsizligidir.
— Kim näçe dil bilse ol ºonça gezek adamdyr —
diýip, biziò ata-babalarmyz hem dil bilmäge sarpa
goýupdyr.
— Geleò edilse bilse boljak. Marksdyr Engelsiò her
birisi ençeme dil bilipdir. W. I. Lenin bolsa Finlýandiýa
baranyndan on alty gün soò eýýäm fin dilinde öz
geregiçe gürläp ugrapdyr. Syýahatçylar, ana, ºolar hem
syýahata ugramazlaryndan öò duºjak halklarynyò ençemesiniò dilini öwrenipdirler. Ýogsa-da, Andreý Andreýewiç, siziò twerli söwdagär, Hindistana ýetip gaýdan Afanasiý Nikitin-ä bilýänsiòiz.
— Hawa, öz-ä bir wagt okan zadym bolmaly diýip, men birçak okan ol syýahatnama kitabymy
ýatlamaga çalyºdym.
— Ana, ºol-da, okan bolsaòyz, telim bir dil bilipdir.
Men Wladyçugyò gönümelligini hem onuò halys
ýürekden edýän gürrüòlerini diòlemegi halaýaryn.
Naharlanyp ýene-de gadym ºäheriò harabaçylygynyò içine aýlanmaga gitdik. ªäheriò gorag galasynyò
diwarlary-da belli bir derejede saklanyp galypdyr. Onuò
daºynda çuò garymlar gazylypdyr. Gorag galasynyò iç
ýüzünde bolsa ýaºaýyº jaýlary bolupdyr. Biºen kerpiç
bölekleri ºol oturan jaýlaryò sökülen süòòüniò alamatlary bolup, töwerekde pytrap ýatyr. Häzir bu diwarlar
köp sanly nakys murtluja alakalaryò, elem-tas bolºup,
öz-özlerinden basga düºüºip ýören çöl suwluganlarynyò
33
mesgenine öwrülipdir. Häli-ºindi ýagýan bahar ýagyºlary
bu ýerde hem köldür kölçeleriò birnäçesini döredipdir.
Biz gijöýlänler atlarymyzy öz maýdalyna sürüp,
gören-eºiden zatlarymyz hakynda ýol boýy pikir alºyp
yzymyza öwrülip geldik.
***
Meniò Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýew bilen bolan
duºuºykdan soò eden oý-pikirlerim, W. I. Leniniò ýadygärligini gurmak boýunça döredilen ýörite komissiýa täzeden
ýüzlenmegime sebäp boldy. Komissiýanyò baºlygy
Nedirbaý Aýtakowyò adyna oturyp ýörite hat taýynladym.
“Hormatly Nedirbaý Aýtakowiç!
Meniò W. I. Leniniò Aºgabatda guruljak ýadygärligi üçin taýyn eden, komissiýa tarapyndan hem kabul
edilen iºimi, kabul edilenligine seretmezden, onuò
gurluºygyna baºlamazlygyòyzy soraýaryn. Ony gurulmanka könelen iº hasap edýärin. Serdaryò ýadygärliginiò çözgüdini baºgaça etmek pikirim bar. Ol nähili
boljak? Dogrusy, häzir men bu soraga hem jogap berip
biljek däl. Ýadygärligi täzeden proýektirlemäge pursat
bermegiòizi, ºeýle-de maòa respublika bilen tanyºmaga
mümkinçilik döretmegiògizi soraýaryn.
Akademik Karelin A. A.”
ªu hatdan soò, Petrogrady ýatlap, çagalarymy gözümiò
öòüne getirip, öz gelen netijämden olary hem habarly
etmek maksady bilen aýalymyò adyna hem bir hat
taýynladym.
34
“Lena, mähribanym!
Çagalar bilen sag oturanmysyòyz? Ynanýan, hut
ºeýledirem. Baºyòyz dik, sag-salamatsyòyz. Hemiºe ºeýle
bolsun-da hernä. Öòki hatymy hem size Saurowlarda
ýaºaýarkam ýazypdym. Indi bolsa meniò öz öýüm bar,
ºol biziò akademiýamyza respublikanyò adyndan hat
ýollan ýoldaº Atabaýew bilen duºuºukdan soò maòa
bir howlynyò aýagujyndaky, birçaklar haýsydyr bir
rus ofiseriniò ýaºan iki otaglyja jaýjagazyny berdiler.
Jaýyò öòünde ol-bi zatlar ekäýer ýaly bölejik ýerjagaz
hem bar, ºeýle-de bu ýerde üç sany syrdam owadan
sosna agajy, rus pälwanlaryny ýatladyºyp ösüºip otyrlar. Täze tanyºlarym maòa boº ýere gül ekmegi maslahat berýärler. Birwagt meniò doganoglanym Sergeý
Finskilerde bolanymyzda gören günlerimizi ýatla, bu
ýerde hem ºeýle gülleri ýetiºdirip bolaýsa gör, nähili
gowy bolardy.
Indi öz iºlerimden habar bersem, seniò eýýäm meniò
gürrüòi uzaldýanymdan bir zat aòan bolmagyò-da
mümkin. Ýadygärligi täzeçe, gerek bolsa telim gezek
(sen meniò irginsizdigimi, erjeldigimi bilýäò ahyryn)
proýektirlemegi göz öòünde tutýaryn. Gowusy, bu hakda soòra... Sizi Aºgabada getiresim gelýär. Gözümiò
öòünde bolsaòyz, özüme has gowy boljagyny bilýärin.
Sizsiz bu aladany birýan ýüzli edäýmek ýogsam maòa
aòsat düºmez. Umuman, irde-giçde Aºgabada gelmek
hakyndaky pikire özüòizi taýynlaò!
Indiki hatymda men size öz gelen netijäm hakynda
ýazaryn.
35
Meniò görmegeý gyzjagazlarymy gujakla we ogºa!
Häzir bolsa sag boluò.
Siziò kakaòyz A. Karalin.”
ªu iki haty taýyn edenimden soò, men özümi agyr
ýükiò astyndan çykan ýaly duýdum.
* * *
Hatymyò jogabyna köp garaºmaly bolmadym. Respublikanyò prezidenti iki günden meni kabul etdi.
Oòa öòi bilen nämüçin ilki hödürlän proýektimden el
çekýänligimi düºündirmeli boldum. Prezident meni özüniò
gytyjak edilip bejerilen gür sakgalyna käte el ýetirip
oturyºyna, giòiº adamlara mahsus arkaýynlyk bilen
diòledi. Ol diòe ýeke gezek, men diýjek sözümi aòymda ýitirip, ýadyma düºürjek bolup oýurganan mahalym, janköýerlik edip gapdaldan gürrüòe goºulmak
islän Wladyçuga: “Goý, özi gürlesin!» diýen äheòde
barmagy bilen yºarat etdi. Wladyçugyò näme üçin
gürrüòi böltemekçi bolanyny düºündiresi gelse-de, häzir
baºga hiç hili gep gürrüòiò bu ýere gerek däldigine ol
wagtynda düºündi. Men edil hatymda ýazyºym ýaly
respublika bilen ymykly gyzyklanmaly boljakdygymy
düºündirdim, bu meselede özüme kömek edilmegini
soradym.
Prezident meniò düºündiriºime pähim edip bir salym oturdy. Bir zat aýdarly bolup ýuwdunsa-da, Wla36
dyçugam biziò gürrüòimiziò arasyna goºulmagyò ugruny tapmady.
— Andreý Andreýewiç, siziò pikiriòiz hiç neneò
däl, umuman dogrumykanam diýýäris. Agºam biz
Gaýgysyz Serdarowiçiò kabinetinde siziò hatyòyzy okap,
hatyò ýazylmagyna sebäp bolaýjak zatlar hakynda
pikir alyºdyk. Ýöne biziò juda gowy, manyly hem
özboluºly ýadygärligiò bina edilmegini isleýändigimizi
welin unutmaweriò! Gidip, respublika bilen tanºyp bilersiòiz. Deòiz tarapymyzda Krasnowodskimiz, günortamyzda Mary, Çärjew topar illerimiz, Hywa-Was bolsa türkmeniò bir çaklar üýºüp bir ten, bir jan bolºup
oturan ýurdy. Ýöne Wasa gitmegi biraz soòa goýmaly
bolarsyòyz, ol ýerde entek Sowet hökümeti özüniò
ýerlikli gowy jemgyýetdigini düºünjege düºündirip,
düºünmejek bilen ýüzbe-ýüz bolup bellisini edýär.
Gaýgysyz Serdarowiç ýene-de gyssagly Daºhowuza gitdi, onuò bir aýagy ºol ýerde. Siz atly gezelenç etme
hyýalynda ekeniòiz. Men sizi ilki bilen-ä paýtagtyò
töwereklerini aýlanyp görmegi maslahat bermekçi. Beýleki ýerlere bolsa otly bilen gitseòiz hem kem bolmaz.
Türkmen halkynyò azlygyna seretmäò, onuò ýurdy
siziò çakyòyzdan has giòdir!
Atly gezelenç etmegimi, meniò garrylygymy, galyberse-de, ýollaryò hem entek howpsuz däldigini göz
öòünde tutup, prezidentiò juda bir göwnäp barmaýanlygyny aòsam-da, bu mesele-de men öòki pikirimde
galdym. Pikirimi nygtamak üçin ýaºlygymda at münmegi
37
kemsiz öwrenenligimi, soòra bolsa Russiýanyò ençeme
ýerlerini atly aýlanandygymy ýatladym.
Meniò otluda barýarkaò bir görnen ýaly bolup soòundanam hä diýmänem beýläòe geçip yzda galýan ýerleri,
arkaýynlykda ine-gana synlap durasym, onuò ösümlükleriniò arasynda boý deòläp aýlanasym, çöl ot-çöpleri
bilen goºulyºan howadan kükregimi dolduryp dem alasym,
öz aladalarym hakynda oýlanyp gezesim gelýärdi.
Prezident maòa düºündi. Hoºlaºan wagtymyz ol:
“Arkaýyn boluò, Andreýewiç, size ýoldaº bolup biläýjek
adamynyò maslahatyny ýakyn günlerde ederis, ýol
ºaýyòyzy tutuberiò!» diýip goýberdi.
Men duºuºykdan aýagym ýeòläp geldim. Dünýä
bolan höwesim artdy. Köpetdagy, töweregiò görnüºüni,
tykyrdysyny öòüne salyp barýan arabany aýratyn bir
yhlas bilen synladym.
Ýaz howasyndan dem alyp, gitjek, görjek ýerlerimiò
howasy bozdur, mundanam gowudyr diýip oýlandym.
***
Gözlerim meni käte düýbünden garaºmadyk wakalarymyò hem üstünden getirýärdi.
1773-1775-nji ýyllardaky daýhanlar gozgalaòynyò
serdary Ýemelýan Pugaçýowyò mürzeleriniò biri Baltaý Idrgeýew hakynda eºiden gürrüòim hem meniò
üçin ºol garaºylmadyk zatlaryò biri boldy.
Baltaý 1750-nji ýylda Ýaigiò boýunda eneden doglupdyr. Onuò kakasy Öwez ºol ýerde kazaklaryò goºun
sapynda gulluk edýän ekeni. Kakasy goºunçylykdan
38
boºap öz iline gaýdanda ol Baltaýy dogan okuºan
baºgyrt dosty Idergeý Baýmekowa ogullyk beripdir.
Baltaý atalygynyò hormatyna onuò adyny familiýa
edinipdir.
Baltaý 1770-nji ýylda goºun gulluga giripdir. Rus
daýhanlarynyò Pugaçýowyò baºtutanlygyndaky
gozgalaòyny türki kowumlardan bolan halklaryò wekilleri
hem hyjuwly goldapdyrlar. ªolaryò biri-de türkmen
ýigidi Baltaý bolupdyr. Ol 1773-nji ýylda gozgalaòçylara goºulyp, soòundan serkerdäniò ýakyn kömekçileriniò biri bolupdyr. Pugaçýowyò ºtabyndan çykýan
türki dillerdäki permanlary, jarnamadyr manifestleri,
hatlary taýynlapdyr.
Gozgalaòçylar Orenburga zabt edende Baltaý ýesir
düºüpdir. Patyºa hökümeti ony Orenburgyò, Kazanyò,
Moskwanyò türmelerinde saklap sorag edipdir. Näçe
çekelense-de, Baltaý mürze gozgalaòçylaryò syryny paº
etmändir. 1975-nji ýylda ony türmeden çykaryp, Arhangelskä gulluk etmäge iberipdirler.
Her gezek ºeýle maglumatlara duºanymda türkmenler bize Russiýa ýene-de bir depik golaýlaºan ýaly
bolýardy. Arhiwler ymykly öwrenilse, ºonda iki halkyò
bir-birine has-da golaýlajakdygy hakynda oýlanýardym.
***
Bu gün Aºgabada gelip, ilkinji tanºan adamlarymyò
hemmesi meniò öýüme ýygnandy diýsem-de bolýar.
Ilki Saurow, aýalynyò meniò üçin özünden artdyran
39
okara-çemçesi, suw bedresi bilen gelip girdi. Onuò yzysüre
bolsa Ruwim Moiseýewiç geldi. Ol:
- Baý, Andreý Andreýewiç, öýdeçil bolupsyòyz-a,
çykyp-çykyp ýalançy ýüzünem görmeli ahyryn, käte
ýatlap, sen-men ýok, duýdansyz göwün isläp birekbirek bilen duºuºmagam bardyr-a? — diýdi.
Onuò gep saluwyndan meni hemiºe oýurganyp öýden çykman oturýandyr diýip pikir edýänligi duýulýar.
Ol gelensoò Saurow ikimiz her günki türkmen dilinden geçýän taýynlygymyzy bu günlükçe goýbolsun
etmeli bolduk. Ruwim Moiseýewiç gyzyklanyp, meniò
stoluò üstünde duran sözlük depderçämi eline alyp,
eýlesine-beýlesine serediºdirdi. Soòundanam:
— Gimnaziýany täzeden baºlapsyòyz-da — diýip
gülümsiredi.
— Görýän welin bu Saurow biziò hemmämizi
eýdip-beýdip türkmen etmekçi — diýip degiºdi. Biz
hezil edip gülüºdik hem bildigimizden patdyk-putdyk
türkmençeleºdik. Respublika syýahat etme pikirine gelelim
bäri men, hakykatdanam, Saurowyò kömegi bilen türkmen dilini ürç edip öwrenýärdim hem-de bu gelen
günümden dil öwrenmegiò ugruna çykan bolsam, bu
çaka çenli esli zat öwrense bolardy diýip, özümçe ol
günleri boº geçen günler hasaplap gynanýardym. Dili
tiz öwrenmegi baºaran adamlary ýatlap, özümi hyjuwlandyrýardym.
Saurow eýýäm meni bir ýola: “Andreý Andreýewiç,
gidiºiòiz erbet däl, göz-dil degmesin» diýip, az-kem
taryp hem etdi.
40
Bazar çaýhanaçysy Hasan bilenem men indi her
gün birki gezek türkmençeleºip alýan.
— Hasan, salawmaleýkim! — diýýän.
Ol-da:
— Aleýkum essalam rahmatulla — diýip, juda
uzyn edip meniò salamymy alýar.
— Hasan, çaý gyzgyn getir! Nahar iýjek hem bolsa.
— Palawmy, çekdirme, Andreý aga?
— Azajyk çekdirme, ºondan iýjek.
Töwerekdäki nahar edinip oturan adamlaryò ýüzlerinden aòýan, olar hem özlerine meniò türkmençe
geplemegimi makullaýarlar.
Göz gytagy bilen serediºip, meniò türkmençe
gepleýºime ýylgyryºyp goýberýänler hem bar. Meniò
türkmençe geplemegim käte çaýhanada baºga-da haýsydyr bir wakanyò ýatlanmagyna sebäp bolýan mahallary hem bolýar:
— Bu saryja orus zehinli ekeni, çaýhanada men-ä
muny ýaòyrakdan bäri görýän, zaluwat eýýäm
türkmençeleºip barýar.
— Her ilde zehinli adamlar bolýar ahyryn.
— Öòräkler demirýolda bir otly sürýän bardy,
görseòiz-görensizem-le, daýaw, garynlak. Boýny dagysy
doòzuò budy ýaly mazardat bir ätäòet.
— Hä, bir-ä bolmaly özün-ä...
— Görensiò. Demirýol gurlansoò otly mündirip
adam getirenem ºomuº. Ana, ºol-a aýaly-çagalary öwrense-de özi türkmençäni öwrenip bilmedi. Özem ºol
löwdesi bilen.
41
— Ha, patdal ekeni men ýaly.
— Ol ýyl biziò Maryda, gajar urºunda ýesir düºen,
oruspisint, özi welin orsçanam bilmeýän biri bardy.
Oòa iòlis diýjek bolýanam bardy.
ªol zaòaram dili örän tiz öwrenipdir, garrylar gürrüò bererdi, ol aýallar tamdyra nan ýapanda, türkmeniò gapdaldan geçene-de nan hödür edýänini bilip,
emenip geler ekeni.
— Ene, ýyljak nan iýesim gelýär — diýip, tamdyra
elini uzadyp muòalar ekeni. Iki elti bolºup, biri ýasap,
biri ýelmäp duran gelinler ony görenlerinde:
— Ana, ýüwürjimiz-ä sakgalyny sallapjyk göründi,
nanlaryò birini tizräk gopar — diýip, ýaºmak astyndan
gülºer ekenler.
— Ony pereòlimiº diýýänem-ä bar!
— O-da mümkin, gözüm bilen gördüm diýib-ä
biljek däl, ºeý diýip gürrüò edýärler.
— Ol ýyl gyzylarbatly Çopan baýyò ogly Türkiýä
gidende Pereòe-de baranmyº diýýärler. Gelensoò ol: “Ol
ýer gaýdasyò geler ýaly ýer däl, hüýr-periler näz-dekereºme bolºup jennetdäki ýaly topar-topar, ýarym
ýalaòaç geziºip ýörler, adamlar bolsa juda zynatly
gurlan kaºaò daº jaýlarda, galalarda ýaºaýarlar» diýip
gürrüò edenmiºin. Çaýhanada adam az mahaly Hasan
özüne-de bir çäýnek çaý demlenip, gürrüòçilik küýsäp,
meniò ýanyma gel-ýär. O-da meni bir ýola Saurow
ýaly özüçe taryplady. Bu ýerde köp rus adamsyna çaý
berse-de, olaryò dilini öwrenip bilmeýänine gynandy.
42
— Orsuò dili maòa nesip etmedik borly, ýogsam, ol
bir kyn dilem däl ýaly, orsuò ýumruk ýalysam ony
jidirdäp gepläp ýör. — Onuò gürrüòi gülkimi tutduranda bolsa, gülsem muny öz üstünden gülünme diýip
hasap eder, gaty görer diýen pikir bilen zordan gülmän
saklandym...
Ruwim Moiseýewiç ornaºyp oturansoò ýene-de öz
ºägirtleri hakynda gürledi. Ol ºu ýazy okuwçylary bilen
gowy peýdalanjakdygyny, çölüò, dag ýerleriò güllerini
toplap, olardan hytaý tälimini öwrenip gelen bir nilgär
kürte reòk ýasatjagyny, onuò gowy reòk ýasamaga
hötde gelýänligini nygtamak bilen hem-de ºondan soò
ºägirtleriniò reòk meselesiniò çözüljekdigine guwanmak
bilen gürrüò berdi.
Iò soòunda bir özüne garaºylan Wladyçuk yzyna
nätanyº birini düºürip iki bolup geldi. Nätanyº ýaòy
saçynyò eteginden ak girip ugran, orta boýly, eòegi
çowly bolany üçin, ýüzi dowamly bolup görünýän otuz
bäº-kyrk töweregi ýaºan adamdy. Ol baºyndaky gaýyº,
maòlaýy ýyldyzly papagyny çykaryp, Wladyçugyò
yzysüre biziò herimiz bilen aýratynlykda görüºdi.
Diòe ºundan soò Wladyçuk bir bize bakyp, bir
ýigide seredip ony tanyºdyrdy.
— Gaýgysyz Serdarowiçiò bil baglaýan, kyn iºleri
tabºyrýan adamlarynyò birisi, 1918-nji ýyldan bäri partiýa
çleni, Biziò Andreý Andreýewiçimize mynasyp ýoldaº
hasap edilenligi üçin, çölden ýörite çagyrylyp getirilen...
Tas esasy zat ýadymdan çykan ekeni. Ady Hommat,
öýlenen ýeri Orusýet - biziò giýewimiz.
43
Hommat Wladyçuk gepläp tanyºdyrýan wagty onuò
sözlerinden uýalyp, beýle uzak geplemegiò gerek däldigini ýüzünde mälim edip, ýeòsesini gaºan bolup durdy.
Soòundan bolsa ahyr durup bilmän onuò sözüni böldi.
— Aleksandr Pawlowiç, ähli zady häzir aýdyp
gutaraýmaò, tanyºlykdan soòam soraºara-gürleºere bir
zat gerek ahyryn? — diýdi.
— Hommat rus dilini ganymat gürleýän ekeni,
gürrüòçilik mahalynda ol az geplese-de, men muny
duýdum hem gowy dil bilýän adam bilen ýola ýoldaº
bolmagyò gowulygy hakynda oýlandym.
Biz töwerek bolup uzak ýola gerek bolaýjak zatlary
ýatlaºyp oturdyk.
Hommat maslahat biºirdim edilenden soò bellik
ediºdiren kagyzyny epleºdirip kisesine saldy-da, biraz
dem-dynç almakçydygyny aýdyp turmakçy boldy.
— Hä, sen git, çölden gelen adamsyò! — diýip,
Wladyçuk oòa seredip ýylgyryp goýberdi. Soòundan
bolsa bir çopan tanºynyò bardygyny aýdyp, ondan
eºiden bir gürrüòini ýatlady. Hommada degip:
— ªu bir aý, aý ýarym çölde bolup dolanyp gelýän
welin, keýwanynyò çorly aýaklaram gözüme ap-akja
bolup görünýär diýýär diýdi. ªol çynmy?
Hommat jogap ýerine ýüzüne utanç alamatlaryny
ýaýradyp ýylgyrdy. Ol turup hoºlaºyp gidensoòam yzyndan biz ýene-de biraz onuò gürrüòini etdik. Wladyçuk
bilen Gyzyl goºunda onuò ýoly kesiºen ekeni.
— Az gepli, dymmarak diýmeseò ýigitligi hiç neneò
däldir, özi-de gaty mergendir — diýip, Aleksandr Pawlowiç onuò gürrüòini berdi.
44
Hemmeler hoºlaºyp gidenden soò çyrajygymy söndürip,
men ýene-de öz öýümdäki oýlanmaga mümkinçilik
berýän çolalyk bilen ikiçäk galdym.
***
Yzymdan Petrograddaky köne tanºym Fedor Karinden gelen hat meniò üçin bu ülke bilen baglanyºykly
ýene-de bir täzelik açdy. Onuò bilen men Germaniýanyò çeperçilik akademiýasynda bileräk bir wagtda
okapdym. ªol-da biziò tanyºlygymyzyò baºy bolupdy.
Ol ýerden dolanyp gelenimizden soò hem biz gatnaºykda
bolupdyk. Häli-ºindi duºuºyp, geçen günleri ýatlaºyp, öz
döreden iºlerimiz hakynda pikir alºyp oturardyk. Bir
ýola duºanymyzda ol özüniò ýarym ýyl bäri medisina
fakultetinde okaýanyny, agasy ýaly wraç bolmagy maksat
edinenini aýdybam, meni geò galdyrypdy. Ýogsam, ol
geljegine umyt edilýän ýaºlaryò biridi ahyryn. Ýöne
onda hudo nige geliºmejek ýaltalygyò bardygy hem
biraz duýulýardy. Iºlerini çakdanaºa uzak çekmek häsiýeti
bardy, ºu ýagdaýlar hem onuò pikirlenmegine sebäp
bolan bolmagy ahmal...
“Andreý Andreýewiç, gardaº, gör, sen nirelerden
çykan ekeniò? Daraklygyòa galyp aòryòy boýurganyp
gör, indi ýeriò aýak ujy-da seniò töweregiòden juda
bir uzakda bolmaly däl» — diýip, Kariniò haty ýarym
degiºme bilen baºlanýardy. — Men ºol wagtlaram
aýdýadym-a saòa, ejeòden sorap gör, sen bäbek günleriò bir zerurlyk bolup ýa-da kiçijik güjüjeklere goºulyp
oýnap ýörkäò olaryò enesini emensiò!... Ýakynda Lena
45
duºdum, hal-ýagdaý soraºyp durduk. Seniò Orta Aziýa
gideniòi hem ºondan eºitdim. Geò galmadym, näme geò
galyp, men seniò gezmegi gowy görýäniòe näbeletmi
näme. Ýöne gitmeziòden öò ol ýere gitmekçi bolýanyòy
eºiden bolsam, seniò bilen hökman duºuºardym hem-de
saòa türkmenler bilen bagly bolan birnäçe zatlary
gürrüò bererdim. Sen henizem syýahat meselesinde,
öòki pikiriòdesiò diýip tama edýärin! Ýadyòda bolsa
seniò özüò birwagt maòa: “Baran ýurduò taryhy bilen,
adamlaryò gylyk häsiýeti bilen gyzyklan, ºonda syýahatyò has gyzykly hem manyly bolar» — diýip, gezmegi
juda bir halamaýanlygymy, ondan ýatanymy-oýurgananymy gowy görýändigimi aýdanymda diýipdiò. Belli
zat, sen ol ýerde-de halk bilen, onuò taryhy bilen
gyzyklanýansyò!
Indi bolsa, hut ºonuò üçinem meni diòle! Saòa ol
ýerde han Ýomudskiler bilen tanyºmagy maslahat berýärin.
Biziò familiýamyzy aýdyp baraýmalydyr. Olar biziò
ata-baba dostumyzdyr, gadyrly gatnaºýan maºgalamyzdyr.
Diòe bir geçmiºdäki rus-türkmen gatnaºygynda däl, ol
Russiýada ylymly-bilimli bolup çykan adamlar respublikanyò häzirki gününde-de öz rollaryny oýnaýan bolmaly. Häzirem Ýomudskileriò magaryf iºini alyp
barýandyklaryndan habarym bar. Men saòa has düºnükli
bolar ýaly, käbir zatlary gürrüò bereýin.
Meniò atama Fýodor Ýewgrafowiç Karin diýýärler.
Meni-de ºonuò hormatyna Fýodyr diýip atlandyrypdyrlar. Ol Murawýowyò ýolbaºçylyk eden ekspedisiýasynda bolup, Kaspi deòziniò ýakasynda ýaºaýan türk46
menler bilen düºüniºip, dostlukly aragatnaºygy gazanan,
ol halkyò ynamyna giren rus adamlarynyò ilkinjileriniò biri bolupdyr. Onuò syýahat mahaly ýöreden ýazgylary meniò aýal doganymyòkyda bar. Petrograda gaýdyp gelensoò gyzyklansoò, ol ýazgylary özüòkiler bilen
deòeºdirerin diýseò, ony-da tapyp bolar. Atamyò ol
ýazgylary neºir edilen zat däl, ýöne jiltlenipdir, tertibe
salnyp hem-de kitaplara berliºi ýaly at hem berlip,
“Kaspiniò hem Kyýathan Ýomudskiniò taryhy» atlandyrylypdyr. Ol öz syýahat kitabynda türkmen bilen
irde-giçde gatnaºyk ediljek bolsa, ýomutlaryò hany
Kyýady elden bermeli däl, onuò Eýran bilen bolan
aladasyna Russiýa hem gatnaºmaly, Kyýat hany goldamaly» diýip ýazypdyr.
Özi hem Ýomudskiler bilen gadyrly gatnaºypdyr,
olaryò aladasyny etmegi öz borjy hasaplapdyr. Ýomudskileriò ençemesi kadet korpuslaryndan rus ofiserleri
bolup çykypdyrlar. Bilimli, düºünjeli adamlar bolup
ýetiºipdirler. Polkownik Annamuhammet Ýomudskiý
hakynda seniò eºiden bolmagyò-da mümkin, ol rus
döwletine görkezen huzmatlary üçin hormatly Georgiý
hajynyò dördüsine mynasyp bolan türkmendir.
Rus goºunlary Bolgariýany halas eden günlerinde
polkownik atly korpusa ýolbaºçylyk edipdir. ªipka
söweºine gatnaºypdyr. Esgerler göçgün bilen harbyýöriº aýdymlarynda hormat bilen onuò hem adyny
getiripdirler.
...Gowsy, Ýomudskiò özi gelmesin,
Gelse duºman nirde gizlär kellesin?
47
Biziò Nazarymyzy seniò gören bolmagyò-da ahmal,
Ol berdaºly, at ýüzli, saçlary ýeòsä gaòyrylan giò
maòlaý, sakgal-murty bir-birleri bilen goºulyºyp ösen
ýigitdi. Ol-da hudo nikdi, öz eserlerine Nikolaý Ýomudskiý diýip gol goýýardy, ýada salsa onuò bilen sergilerde, akademiýada ýa-da ýeneki bir ýerlerde duºuºan
bolmagyò-da mümkin. Nikolaýyò iºlerini “Niwa», “Sewer»,
“Wsemirnaýa illýustrasiýa» urnallary öz sahypalarynda çap edýärdi. Ol asla türkmen kowmundan bolan,
meniò atamyò dosty Kyýat hanyò çowlugy, rus ofiseri
Annamuhammediò ogludyr.
...Nikolaý Peterburgyò Çeperçilik akademiýasyna gelende hem ilki biziò öýümize gelipdi. Onuò ýanynda
çeken suratlary hem kakasynyò bize niýetläp ýazan
haty bardy. ªol wagt onuò kakasynyò gulluk edýän
polky Ukrainada durýardy. Meniò agam Konstantin
ony belli grafikaçy hudo nik Boklewskiý bilen duºurypdy.
Ol Nikolaýyò iºleri bilen tanºansoò, ony özüne ºägirt
edinipdi. Nikolaýyò iºleriniò hemmesi ukrain topragy
bilen, onuò çagalygynyò geçen ýerleri bilen bagly
iºlerdi. “Dnepr kenarynda», “Gije», “Poçta ýoly», “ªäherde
kanikulda» ýaly kartinalary sergilere gatnaºýardy. Ol
Russiýanyò Wrubel, Serow, Repin, Kramskoý ýaly atly
hudo nikleri bilen hem ýakyn aragatnaºyk saklaýardy.
Kramskoýyò iò gowy iºleriniò biride öz dostunyò,
hudo nik Nazar Ýomudskiniò portretidir. Boklewskiý
bir gezek ºägirdine öz iliniò durmuºundan suratlar
çekmegi maslahat beripdir. Nikolaý Ýomudskiý ºundan
soò tizden Kaspi deòziniò boýunda ýaºaýan kowum48
gardaºlarynyò arasyna gidipdir. Köpetdag eteginde ýaºaýan
türkmenleriòkide syýahatda bolupdyr. Halkyò edimgylymy, taryhy, däp-dessury bilen içgin tanºypdyr. Ol
dolanyp geleninden soò, “Ildeºlerim meniò kakamyò
gürrüòleri esasynda göz öòüme getirºimden baºgaça
ýaºaýan ekeni... diýip gürrüò edipdir. Syýahat netijesinde:
“Ýomut öýünde», “Gelin», “Iki teke», “Türkmen toýy»
ýaly onlarça iºleri urnal sahypalarynda peýda bolupdyr. Boklewskiý bolsa öz ºägirdinden gürrüò çykanda
“Nazar kaspiniò ýeòsesinden uly olja bilen hemem juda
dymma, periºan bolup geldi» diýip gürrüò eder ekeni.
Atasy Ýagºymämmet hakyndaky hakykaty hem ol
ºol ýere, öz halkynyò arasyna geleninden soò eºidipdir.
Onuò atasy Ýagºymämmet, kakasy Kyýat han ýaly öz
halkyny yzyna düºürip bilen türkmenleriò hem-de ruslaryò bähbidini arap Eýran hanlary bilen darkaº guran
serkerde bolupdyr. Ýöne Russiýa Eýran bilen “Gülüstan
ýaraºygy» baglaºandan soòra Ýagºymämmede bolan
garaýyº üýtgäpdir. Ol rus raýatyna özüniò wepalylygyny ýene-de bir ýola subut etmek maksady bilen
Tiblise gelipdir. Ýagºymämmet ruslar bilen doslugyna,
patyºa hökümetiniò öòünde bitiren öz hyzmatlarynyò
göz öòünde tutuljagyna ynanýan ekeni. Ýöne ony bu
ýerde rus raýatlygynyò Eýran bilen arasyny bozmak
isleýän bozgak hökmünde tussag eden synanyºyklary
hem biderek bolupdyr. Ol oglunyò azatlyga çykanyny
görüp bilmän ölüpdir. Birnäçe ýyldan Ýagºymämmediò
ösüp derejelenen harby çinli dostlary onuò zyndan
tussaglygynyò göz tussagy bilen çalºyrylmagyny gaza49
nypdyrlar. Ýöne öz iline gowºup, ol ýerde hökümete
garºy onuò iº ýaýbaòlandyrmagynyò mümkinçiligi hem
göz öòünde tutulypdyr. Ol Worone ºäherinde göz
tussaglygynda saklanylypdyr.
Nikolaý Ýomudskiniò iò gowy iºleriniò biri hem
onuò hut ºol atasy Ýagºymämmedi ýat edip döreden
“Ganatsyz bürgüt» atly iºidir.
Her gezek men ol kartinanyò öòüne gelenimde,
Tokaý eteginde keseligine ýykylan bir agajyò üstünde,
aw tüpeòini gapdalynda goýup, tokaý süòòünden göterilen ümür bilen goºulyºyp oturan, ýüz keºbi Kyýat
han neberesine çalym berip duran adamyò oý-pikire
berlip oturanyny görýärdim. Onuò depesinden uçup
barýan guºa meòzeº ºekilleri synlap, bular Ýagºymmmediò
öz iline ugradan arzuw-hyýallarydyr diýip oýlanýardym.
Onuò taryhyndan habarsyz bolsaò welin, ol tokaýda
aw awlap ýören, häzir bolsa çilimlemek üçin aýak
çeken adaty awça çalym edýärdi.
...Nazar bu jahanda bary-ýogy 37 ýyl ýaºady.
Hudo nik Nikolaý Ýomudskiý bilen men ýakyn
tanyº bolmasam-da, ony görüpdim. Häli-ºindi uly hudo nikleriò arasynda hem onuò ady tutulýardy. Onuò,
Nekrasowyò “Russiýada kim ºat ýaºaýar?» kitabynyò
bir neºirini bezänindenem habarym bardy. Ýalòyºmaýan
bolsam, ol kitap meniò öýümde hem bolmaly. Otuzkyrk ýyl mundan ozal Peterburg Nikolaý Ýumudskiniò,
Germaniýa sergä ugradylan iºleriniò ýolda ýitenligi
hakynda hem köp gürrüò edipdi.
50
Kariniò haty bir wagt eºiden zatlarymy ýene-de bir
ýola meniò ýatlamagyma sebäp boldy. Kalbymda Ýomudskiler bilen duºuºmak, kärdeºim Nahar Ýumudskiniò gezen ýerlerini gezmek höwesi has-da möwjedi.
***
Gijäniò etegi göteriliberende, biz iki atly bolup,
“Nirdesiò Mary» diýip ýola düºdük. Atlar ýeòil gopuºyp,
bir-birlerinden ºüweleò alºyp barýarlar. Biziò sag tarapymyzda Köpetdag bolmaly, ol-da häzir gijäniò garamtyl
perdesinden aòyrda bir ýerlerde. Onuò uzakda däldigini welin mahal-mahal dag tarapdan gelýän ºemalyò
hörpünden aòsa bolýar. Ol gyºyò entek juda bir uzaga
gitmänliginden, hemme ýerde bolmasa-da belli-belli ýerlerde entek onuò buz-garynyò saklanyp galandygyndan
habar berýärdi. Ýol çolalykdy. Tä ºäherden çykyp,
Gäwers düzlügine aralaºýançak, arabalydan, atlydan
bize gabat gelen jemende bolmady.
Düzlükde bize atyny ýüzin salyp, ogul jigisiniò
bolanyny ºäheriò demirgazyk eteginde ýerleºen Köºi
obasyna, gelnejesiniò atasy öýüne söýünjilemäge howlugyp
barýan, jigisiniò bolanyna juda begenen oglanjyk gabat
geldi.
Oglanjygy saklap, habaryny alansoò, Hommat ony
golaýyna çagyryp, jübüsinden alan kagyz pulundan iki
sanagyny uzatdy.
- Ogul jigiò bolan bolsa gaty gowy bolupdyr. Ýaºy
uzyn bolsun, il-günüò ogly bolup ýetiºsin, ine, al
buºlugyòy!
51
Oglanjyk garaºmadyk buºlugyny alyp begençli ýylgyrdy-da, ýene-de ýoluna howlugdy. Onuò ýalaòaçlygyna
münüp gaýdan dyzmaç aty birden göterilen tüweleýe
meòzäp, biziò ýanymyzdan daºlaºdy. Oglanyò aty Köºä
ýetmäge onuò özündenem beter howlugýady.
Owadan atlar, türkmenleriò atlara bolan höwesi bu
ýere gelenim bäri meniò ünsüme düºýän zatlaryò birdi.
Türkmenler öz atlaryny ruslaryò ballarda ýeòil gopup
tans edýän göwüsmen gelinlerini, harby adamlaryny
bezeýiºleri ýaly yhlas hem söýgi bilen bezeýärler. Endamy öwüºgünli, guýrugy kelteräk çigilen atlar köçeden
dagy ýörände olary görmäge göz gerek. Has-da oglanjyklar atlar köçede peýda bolanda, olary aýratyn bir
yhlas bilen arzuw-hyýala öwrüliºip synlaýarlar. At görse
olaryò tizräk ulalyp, atly bolaslary gelýär. Türkmen
atlarynyò gadymy ata-babalary hakynda taryhyò atasy Geredot hem öz iºinde ýazgy galdyrypdyr.
...Müò sany saýlama atly pers, patyºany goraýan
toparyò öòünden barýar. Olaryò yzy bilen müò sany
naýzalaryò ujuny aºak gönükdiren urºujy ýöräp gelýär.
Bularyò yzy bilen bolsa on sany birkemsiz bezelen
mukaddes Nissa atlary barýar. Bu atlara Nissa atlary
diýilmegiò sebäbi Midileriò Nissa diýen bir düzi bar.
ªol ýerde hem ºeýle owadan, uly atlar ýetiºdirilýär...!
Soòkurak syýahatçylar bolsa ºeýle atlaryò Amyderýa, Syrderýa aralygyndaky Hutdalda hem
ýetiºdirilenliginden, ol atlaryò ahal-teke atlaryna juda
meòzeº bolanlygyndan habar berýärler. Muòa aýryaýry atlar hakynda, at häsiýetleri hakynda gyzykly
52
gürrüòler beren adamlar tapyldy. Atlaryò gadymyýeti
hakynda welin men soraºdyrsam-da, hiç kimden ugurly
bir zat eºidip bilmedim. Hamala halk öz söýgüli atlarynyò geçmiºini wagt ummanynyò bir ýerlerinde
ýitirene meòzeýär. Ýöne türkmenleriò hemmesi öz atlarynyò söýgüli eposlaryndaky Görogly begiò Gyratynyò
neslindendigine welin juda ynanýarlar.
Türkmenler at etini iýmeýärler we oòa mukaddeslik
hökmünde seredýärler. Gadymyýetde saýlama atlary
ölende türkmenler olary adam jaýlan ýaly edip, kepene
dolap jaýlar ekenler. Gündogarda türkmenleriò atlary
juda eý görýän ýeke-täk millet bolmaklary-da ahmal...
Hommat meniò gapdalym bilen eýeriò gaºyna
seredýän ýaly bolup oýurganyp barýar, belki, ol häzir,
ýaòky alnymyzdan çykan hoº habaryò täsiri bilen öz
çagalygynyò bir ýakymly pursadyny ýatlandyr.
Umuman-da, ýolagçy bolsaò ýolda kellä gelýän
pikir köp bolýar. Olaryò birnäçesi bulutlaryò dag töwereginde gaýmalaºyp, soòundan gar, buza öwrülip dagyò
depesinde galyºy ýaly, seniò kalbyòda galýar. Ýene bir
näçesi bolsa guº ganatlarynyò kölegesi ýaly, sähelçe
kaklyºyp duºuòdan geçmek bilen.
Biziò bilen gapdallaºyp demir ýol geçýär. Ol birde
çerkezdir çeti, sazakdyr selin ýaly çöl otlarynyò arasyna urup gözden ýitse, ýene birde hol beýleden lowurdap çykýar, gapdallaºyp, bir-birine höwür bolºup barýan
iki sany gara ýylana meòzeýär.
...Demir ýoly bu ýere ruslar getiripdir. 1878-nji ýylda
Angliýa Owganystan ymykly girensoò, ol türkmen pag53
tasyna, nebitdir ýüòüne hem howp salypdyr. Rus
patyºasyna Türkmenistandaky täsirini güýçlendirmelidigi anyk bolupdyr hem-de bu meseläni ýakyn wagtda
çöp döwen ýaly edip biläýjek adam hökmünde, ªipka
gahrymany, Orta Aziýa belet, Samarkandy, Suwlagy
almakda tapawutlanan general Skobelewi patyºa bu
ýere iberipdir.
Biraz öò Kryma “Ýalta—Sewostopol» demir ýoluny
gurmaga ygtyýar alan general-in ener Annenkow yzyna çagyrylypdyr hem-de Mihaýlowskiý-Krasnowodskä
ýol gurmaga iberilipdir. 1880-nji ýylyò dekabrynda
Mihaýlowskiý — Gyzylarbat aralygyndaky demir ýoluò
gurluºygyna giriºilipdir.
General Annenkow bu iºde türkmenleriò güýjüni
hem giòden ulanypdyr. Guluºyga gatnaºan her adama
günde on üç köpük töläpdir. Düýesi bolan türkmenler,
demir relsleri, ºalman, ýeneki gerek bolaýjak zatlary
Krasnowodsk portundan bu ýere çekipdirler. On bäº
müò iºçi, daýhan, soldatlardan ybarat bolan halk on aý
depesinden gum sowrup, sowukda doòup, harasatda
horlanyp iºlänsoò, 242 kilometrlik demir ýol Gyzylarbada gelipdir. Orta hasap bilen her günde 8 kilometr
ýol çekilipdir.
General Mihaýlowskide 39 wagondan ybarat sostawy taýynlapdyr. Wagonlaryò iki gatly dört sanysy
ofiserlere, ýigrimi sanysy soldatlara niýetlenipdir. Azyk
üçin, dogtarlar üçin, ok-däri, odun üçinem wagonlar
bolupdyr. Ol ýol 1886-njy ýylda Mara ýetirilip, onda54
nam aòyrlygyna äkidilip, Samarkant ýoly bilen bir ýyl
alty aýdan soò birikdirilipdir.
Patyºa Russiýasy Orta Aziýanyò ägirt uly territoriýasyna özüniò demir guºagyny guºapdyr.
Atlar birsalymdan ilerligine öwrülip, gijäniò içinden
çykyp, geriljiräp oturan daga tarap gönükdiler. Biziò
göni garºymyzda, beýleki geriºlerden biraz üzòelikde
keserip ýatan dag peýda boldy. Dag häzir aòyrsyna
öwrülip, çagasyny ýanap ýatan gelne juda meòzeº.
Onuò aýak ujuny garamtyl gök otlar köýnek bolup
ýapypdyr. Bir bölek bulut süri bolup, onuò üstünden
agyp, aòyrlygyna eòòit atyp barýar.
Hommadyò çykan depesine çykyp, yzyma öwrülen
wagtym men Garagumuò gözýetimde gürrüòdeºine jaýdar
jogap bermäni niýet edinen adama meòzäp oýurganyp
oturanyny gördüm.
***
Biziò ýetip düºlemegi, bir giýe ºol ýerde bolup demdynç almagy, atlary iýmlemegi niýet edip gelýän Sazakly obamyz üsti çöl ot-çöpleri bilen basyrylan gum
depeleriniò arasyndan çeºme ýabyny orta alyp oturan
ekeni. Oba, esasanam, düòderilip goýlan gazansypat
gara öýlerden, ol öýleri aralap oturan iki-ýeke pagsa
jaýlardan ybaratdy. Obanyò demirgazyk-gündogarynda, çeºme ýabynyò garamtyl, egrem-bugram bolup guma
tutduryp barýan tarapynda baºly-barat edilip tertipsiz
ekilen baglar hellewleºip otyrdylar.
55
Oba barýan ýola düºenimizden soò biz birsalymdan
eºegine iki-üç goltuk oduny taýlap ýüklän, egni
köneliºenräk donly oglanjygyò yzyndan ýetdik. Oglanjyk töweregiò çolalygyndan peýdalanyp, hyýal guºuny
asmana uçuryp, indem öz guºunyò ol ýere göterilip,
hemmeleriò guºy bolanyna begenip, ony synlap barýan
ekeni. Ýeòsesinde at toýnaklarynyò sesini eºidip, ol
tisginip, ýalta yzyna seretdi. Soòundanam özüniò aljyra-nyny duýdurmazlyk üçin, kim bolarsyòyz diýen
manyda bize ýüzlendi.
— Salawmaleýkim!
— Saglykmy inim — diýip, Hommat ondan oba
ºura baºlygy hakynda soramak üçin oglanyò howatyrly
nazaryna üns bermän dillendi.
— Inim, bize-hä oba ºuraòyzyò öýi gerekdi, öòümize
düºüp ºony tapyp beräýseò!
Hommadyò bu sözleri oglanjygy mese-mälim aljyratdy. Ol bize gabak astyndan synlap durºuna ýuwdunyp oýurgandy. Men onuò bir zadyò pikirini edip
alada galanyny aòsam-da, näme üçin bu ýagdaýa
düºmeginiò sebäbine düºünip bilmedim. Ol ilki oba
ºuranyò öýüni bilemok diýen manyda egnini gysdy.
Soòundanam:
— Men bu obadan däl, daýylar, goòºy obadan
mamamlara gezelenje geldim — diýip, ker bilen gepleºýän
ýaly gygyryp diýen ýaly jogap berdi.
— Oba ºurany tanamok, bilemok diýdigiò-dä onda?
— diýip, Hommat ýene-de onuò ýüzüne seretdi.
— Ýok, tanamok — diýip oglanjyk mönsüredi.
56
— Aýyby ýok — diýip, Hommat oglanjygyò bolºuny
birhiliräk görse-de, soòra hiç zat soraman, berlen jogap
bilen kanagatlandy.
Biz ýoly öòe aldyk-da, atlarymyzy sürüberdik. Birsalymdan gaòyrylyp ýeòsäme sereden wagtym men ýaòky
oglanjygyò ýolsuz ýerden eºegini debsiläp, elemtas bolup,
howlukmaç obanyò aýagujyna barýanyny gördüm. Duýdansyz yzyndan ýetip oglanjygy gorkuzaýdyk öýdýän
— diýip, men Hommada hem ony görkezdim. Ol ilki
“Gorkar ýaly näme barmyº?» diýse-de, soòundan oýlanyp: “ªeýle bolaýdy öýdän» diýip, meniò bilen ylalaºdy.
Biz gabat gelen adamlardan salgyny alyp, öýleriò birýan
çetinde, giòiºligini alyp oturan pagsadan salnan oba
ºuranyò jaýynyò öòünde atlaryò baºyny çekdik. Töwerekde öý aladalary bilen hysyrdanyp ýören aýallar iki
atlynyò, oba ºuran jaýynyò öòünde direniºip duranlaryny görüp öýlere girensoòlar, birazdan biziò habarymyzy almak üçin, olaryò giren öýleriniò hersinden donlaryny ýelbegeý alºyp bir adam çykdy. Olar biziò ýat
adamdygymyzy görüp, kimligimizi hem oòly anyklajak
bolup durman, atdan düºmegimizi, öýüne myhman bolmagymyzy soradylar.
Biz oba ºurany görmek aladamyzyò barlygyny aýdyp habar berenimizde hükgeribräk duran boýny gyzyòky
ýaly dowamly-uzyn ýaºuly ýumuº buýurmak üçin töweregine gözüni aýlap, çemeli oglan gözledi.
Gara öýüò gapdalynda iki sany gyzjagaz ýaglyk
büreniºip, gurjak bäbeklerini gujaklaºyp, gelin-gelin
oýnaºyp otyrdylar. Ýaºulynyò olarda syny eglenmedi.
57
Onýança onuò gapdalynda agzyny öweldibräk duran
daýaw pyýada nämäniò-nämedigine göz ýetirip, öz
çykyp gelen öýüne tarap öwrülip seslendi:
— Gurtyrat! Nurmyrat!
— Hä — diýip, öýden birbada iki ses eºidildi.
Yzysüre-de iki sany basdaºja ýedi-sekiz ýaºlaryndaky
oglanjyklar iºikden atylyp çykdy.
— Baryò, Hangeldini çagyryp geliò, seni sorap
Aºgabatdan adam geldi diýiò! — diýip, ol oglanjyklaryò ikisini-de ýumºa ylgatdy.
Çapalaºyp giden oglanjyklar birsalymdan egni gyrmyzy donly, baºy gara silkme telpekli, elek ýüz, keºmeri
gazak milletine çalym berip duran otuz-otuz bäº
ýaºlaryndaky adamy öòlerine salyp geldiler. Ol gelegelmäne salam berip, biziò atlarymyzyò uýanynyò hersini
hälki oglanjyklaryò biriniò eline tutdurdy.
— Baryò, biziò öýe äkidiò. Gelnejeòe-de aýdyò,
myhman gelipdir diýiò!
Oba ºura baºlygy biziò bilen tanºyp, hal-ahwal
soraºyp duransoò, üsti baýdakly jaýa girdi. Jaýyò içine
köwüº çykardan törüne çenli birsydyrgyn düºek düºelipdir.
Törde birnäçe kitap münderlenip goýlupdyr. Kitaplaryò beýle ýanynda syýaçüýºe, galamdyr depderler bar.
Törki diwardan W. I. Leniniò nazary içerini synlap
otyr. Wladimir Iliçiò ol suraty gazetden alnan bolmaly,
özi-de onuò ýogalanyny habar beren gazetden alnypdyr. Suratyò daºynda gaga çyzyk bar.
Jaýyò bir burçunda üstüne ol-bi atylan gara sandyk
goýlupdyr.
58
Öò bu jaýyò ýerinde garaöý bar ekeni. Ýöne bir
gije basmaçylar gelip ony otlapdyr. Oba adamlary
ºundan soò bu jaý ºol “Gyzyl tüýnük» at alan öýüò
ýerinde täzeden dikeldipdirler. Hem-de ýene-de ony
“Gyzyl tüýnük» diýip atlandyrypdyrlar. “Gyzyl tüýnük»
häzir diòe bir oba ºuraò jaýy bolman, ol oba ýaºlarynyò
sowat öwrenýän ýerine hem öwrülen ekeni.
Hangeldi bizi yzyna düºürip daºaryk çykan wagty
men töwerekdäki öýlerden biziò gelenimizi eºidiºip üýºüºen
adamlaryò “Gyzyl tüýnügiò» öòünde duranlaryny
gördüm. Olaryò köpüsi-de ýaºululardy, biziò çakarymyza garaºyp duran ekenler.
— Aý, inim Hangeldi! Gaýgysyzyò adamlary gelipdir diýdiler, ºol çynmy? — diýip, köpçüligiò öòündäki,
sakgaly kükregini ýapyp duran ýaºuly biziò ýüzümize
seretdi.
— Howa, Arap aga — diýip, Hangeldi bize seredip
oòa jogap berdi.
— Gaýgysyz sag-aman iºläp ýörenmidir?
— ªükür, ýaºuly, sag-gurgun iºläp ýör — diýip
Hommat göwünjeò gürrüòe goºuldy.
— Nedirbaý agalaram sag otyrmy? — diýip, ilki
sorag beren ýaºulynyò yzynda duran saryýagyz, mor
sakgal ýaºuly hem onuò yzysüre gürrüòe goºuldy.
— ªükür, olaram sag otyrlar. Gaýtmazymyzdan öò
olaryò ikisini-de gördük — diýip, Hommat ikimizem
bilen gördük diýen äheòde meniò ýüzüme seretdi. Men
ony makullap baº atdym.
— Ulus-ile olaryò özleri-de köp salam aýtdylar!
59
Ýaºulular ýerli ýerden: “Salam iberenlerem, ony
getirenlerem köp sag bolsun, sag-gurgun, agyz-dili birligi bilen iºleºip ýören bolsalar bolýar» diýiºdiler.
Hommat ýene birsalym olar bilen gürleºip duransoò
biz ýaºulular bilen hoºlaºyp, oba ºuranyò yzyna düºdük.
Hangeldi bizi öýüne getirip saçak baºyna geçirensoò, nämedir bir zady ýatlap, aºak bakyp ýylgyrdy,
soòundanam baºyny göterip, gapa seredip özüniò näme
üçin ýylgyranynyò sebäbini düºündirdi. Ilki ol ýaòky
bize gabat gelen eºekli oglanjygyò öz inileriniò biridigini, onuò häzir ýolda ýalan sözläni üçin, bu ýere
gelmäge utanyp ýörendigini aýtdy. Soòundan bolsa
dört-bäº aýlykda bize meòzeº oba gelen iki atlynyò
gürrüòini berdi. Olar oba daramak üçin alkyma gelip
düºen garakçylar toparynyò oba ýagdaýyny anyklamak üçin iberen adamlary ekeni. Atlylar myhman
bolup iýip-içip gidensoò, gijara galtamanlar oba kürsäp
urupdyrlar. Öýleri otlap, birnäçe adamlary gamçylap,
azgyn hökmünde jezalandyrypdyrlar. Hangeldini gözläp öýünden tapmansoòlar, “Alynyò aryny Ahmetden
çykar» etmekçi bolup, onuò aýalyny ata süýretmek
üçin saçyndan süýräp, öýünden çykarypdyrlar. Ýöne ºol
arada duýdansyz çykan tüpeò sesi gelniò tarapyny
çalypdyr. Gelni atlylara süýräp barýan galtamanlaryò
biriniò agzy ýer garbapdyr. Olar gijelikde birbada
okuò nireden gelýänini hem aòºyryp bilmändirler.
Onýança biraz arakesmeden soò, hyrly tüpeò ýene bir
gezek atylyp, galtamanlaryò ýene-de birini atdan agdarypdyr. Üçünji atly indiki gümpüldiniò özüniòki boljagy60
ny aòyp, howlukmaç gaçyp garaòka siòipdir. Hangeldi
ol gün deò-duºlarynyò birnäçesi bilen obadan çeträkde
ýaºaýan ýoldaºlarynyò öýünde oturan ekeni. Onuò
öýünde ýoklugy bähbit bolupdyr. Habar baran dessine
ol töweregindäki adamlary jemläp ýaraga ýapyºypdyr...
Hangeldiniò öýüni goran, onuò agasy ekeni. Ol gohgowry eºiden dessine obanyò ortasynda baºlanan gohuò
bir gapdalynyò özüniòkilere-de ýetjegini bilip, ºol ýerde çemesini alyp garaºyp ýatandyr. Özi-de tä inisi
öwrülip habar almaga gelýänçä, öýleriò töweregindäki
aýallaryò gyk-baklaryna goºulman, öwrülip geläýseler
ýene-de olar bilen atyºmaga taýyn bolup ýatypdyr.
Diòe ol gapyda Hangeldini görensoò, üst-baºyny
kakyºdyryp saman kümeden düºüpdir.
Men Hangeldiniò gürrüòlerini diòläp otyryn hem
öz öòümde ýaº respublikanyò gursagy arzuwly, öz
maksadyndan, halkynyò hiç bir aladasyndan çetde
durmajak wekilleriniò birini görýärin. Onuò ýüregi
harasatly, ºeýle-de bolsa ol muºakgat ýagdyryp oturman, özi bilen bagly bolan-goýan zatlary baºga biriniò
baºdan geçirmesi ýaly parhsyz, ýeòillik bilen aýdyºdyrýar.
Nahar edinenimizden soò ol bizi: “ªujagaz ýerde,
baryp göreliò hem aýaklaryò gurºugyny ýazdygymyz
bolar” diýip, obanyò eteginde ekilen bugdaýly meýdany görmäge äkitdi.
Yzymyza dolanyp gelýän mahalymyz biziò ýolumyz tamdyrda çörek biºirip duran gaýyn-gelniò üstünden
düºdi.
61
Gelin bizi görüp, ýerinden turup, eglip salam berdide, oturyp ýene-de tamdyra tarap öwrüldi.
— Hmm...
Hangeldi gelniò salamyny özüçe aldy-da, onuò gaýyn
enesine salam berdi.
— Gurbansoltan eje, salawmaleýkim!
— Hangeldi, gurgunlykmydyr, sag oturanmysyòyz,
täze gelin bäbek bilen öwreniºýärmi?
— Aý, öwreniºerler-le...
— Wah-eý, öwreniºmän näme, öwreniºmesem men
öwreniºmezdim, çagamy gundabam bilemokdym, köpräk
aglasa-da, bile aglar oturardym.
— ªol arada ol öz sözüni bölüp egildi-de, tamdyrdan bir tegelek nany çykardy-da, onuò ýüzüne gapdalyndaky bedreden suw urup, bize tarap uzatdy.
— Alyò, duz dadyò!
Biziò herimiz öý eýesine göwni üçin uzadylan çöregiò
ujundan bir döwüm aldyk.
Hangeldi nany yzyna uzatmazdan öò ony keseligine
döwüp, Hommadyò alan ýeri bilen meniò alan ýerimi
birleºdirdi-de, elindäki bölejigi nanyò uly böleginiò
üstünde goýdy.
— Gubansoltan eje, nanyòyzy alyò, sadagasy boldugym, keýpine iýip oturmaly nan bolupdyr.
— Köpräk alsaòyz bolmadymy!
— Hälem onuò bir ýugrumy ýetmedi... — diýip,
nan taryp edilensoò aòyrsyny bakyp, ýaºmagyny diºläp
oturan gelin durup bilmän, ýaýkanjyrap dillendi.
62
— Ýolda men gyzgynjak çörege kümºüldäp, Hangeldiniò yzyna düºüp gelýärkäm ondan näme üçin çöregiò
bir bölegini döwüp, ony üstüne goýup alyp bermeginiò
sebäbini soradym. Ol “Bizde çöregiò bir baºyndan
döwmek kada» diýip, ýüzugra düºündirdi.
Hangeldiniò ýaòky hereketleri onuò ýüzugruna nätanyº adam hökmünde meniò ýalòyºlygymy düzedip
goýberdigi ekeni.
Üç terkeº bolup Hangeldiniò ýene bir degip geçmekçi
bolan ýeri ussahana gelen wagtymyz, ussalar harsurºup
iºleºip durdular.
Iki sany on iki-on üç ýaºlaryndaky esleòräk oglanlar özleriniò ululara kömek edýänlerine monça bolºup
körük basýardylar.
Hangeldiniò “Gurbandurdy aga» diýip, ýüzlenen
gürzele sakgally ýaºulusy halka görnüº demri gysaç
bilen gysyp, sandalyò üstünde tutup durdy. Dörtgyraò
daýanykly bir ýigit bolsa, hähläp häli-ºindi onuò depesinden ýarym putluk ýekedabany inderýärdi.
ªilliò uzyn hor adam bolsa olardan beýleräkde oda
tutan pilsapysyny arassalap oòaryºdyryp durdy. Onuò
aýaklarynyò aºagynda ýonuºgalar seçeleniºip ýatyrdylar.
Hommatdyr Hangeldi ussalar bilen gürleºýän mahaly men bir gapdala çekilip, depder galamymy elime
aldym.
Körük basyp, häzir bolsa bilesigelijilik bilen özüme
serediºýän, baºlary tahýaly, ak köýneklerini giòiº-gowaldaò balaklarynyò üstünden goýberen biraz söliteräk
görünýän oglanjyklar peýda bolupdylar. Olar meniò
63
uzadan suratyma serediºip: “Eý, maòa meòzeýä-de,
saòa meòzeýär» bolºup begeniºdiler. Surat elden ele
geçdi. Gürzelek sakgal Gurbandurdy aganyò suratyny
çekmekçi bolan wagtym welin ol çytyldy, soòundanam
aladalanyp, ellerini daldalady:
— Myhman aga, meni bir çekmäweri gaýrat et-de,
meni çekme!!
Men birbada hiç zat aòºyryp bilmedim. Onuò boluberºi
meni geò galdyrdy.
— Ol dünýäde soralanda men suratyma jan tapyp
bilmerin — diýip howpurgandy.
Men ýene-de hiç zada düºünmedim. Hommat ºol
arada nämedir bir zada ýylgyryp maòa tarap “Soò
düºündirin» diýen manyda seretdi.
Gezelençden öwrülip gelenimizden soò, ol musulman
dininiò surat çekmegi, surat aldyrmagy-da ret edýändigini, onuò “Surat aldyran jähennemde onuò jogabyny
bermeli bolar» diýip, ol dünýäniò gazaby bilen gorkuzýandygyny ýatlansoò, maòa ýaºulynyò alada galmagynyò sebäbi düºnükli boldy. Agºamlyk Hangeldiniò öýüne
biziò gelenimizi eºidip ýoldaºlary, oba ýaºululary, againileri üýºdüler. Olar arkalaryny tärime berºip halka
bolºup, Aºgabat ýagdaýlary, respiblikanyò aladalary
bilen gyzyklanyp oturdylar. Gijäniò bir wagty, biziò
bilen hoºlaºyp turup gitdiler.
At üsti meni birneme ýadadan eken, hemiºeler
uklap bilmän gijelerine gara görgi bolardym. ªonda
men köplenç, Ýaltada bolan günlerimde gören bir pursadymy ýatlaýardym.
64
...Gözýetim. Bir gämi burnuny suwa sokup deòiz
bilen ikiçäk otyr. ªu görnüºde pikirimi jemlemek köplenç maòa uklamaga kömek ederdi. Bu gün weli maòa
uklamaga hiç zady ýatlamak gerek bolmady.
***
General Skobelew bu ilde Saýry sakgal diýlip atlandyrylýan eken. Ol bu ýerde patyºa generallarynyò
iò zabuny hökmünde özüni tanadypdyr. Birwagtlar
onuò ºöhraty meni-de gyzyklandyrypdy.
Onuò giò maòlaýy, sargylt öwüºgünli arasy açylan
kümüº saçlary, ikä bölünip her tarapy bir gysym bolup
duran sakgaly, halka atyp duran göwresine haýbat
berýän murty meniò ýadymda.
Generalyò terjimehaly bilenem gyzyklanypdym. Mihail
Skobelew 1843-nji ýylda generalyò maºgalsynda dogulýar... Ol general ºtabyò akademiýasyny tamamlansoò,
Orta Aziýa ugradylypdyr. Samarkandy, Kokandy, Buharany basyp almakda tapawutlanypdyr.
Kapitan çininde Peterburgdan giden ofiser ol ýerden general çinine, altyn suwy çaýylan gylyja, Georgiý
ordenleriniò IV-III derejelerine eýe bolup gaýdyp gelipdir.
1877—1878-ni ýyllarda onuò ýolbaºçylyk eden goºuny
Balkan ýarym adasyna aralaºyp, türkler bilen barlyºyksyz
söweºler alyp barypdyr. Ol Plewna söweºinde, Dunaýdan geçilende özüni ýene-de bir gezek baºarjaò general
hökmünde görkezipdir.
Patyºa Russiýasy üçin ºol ýyllarda Gökdepe meselesi heniz çözülmedik meseleleriò biri bolany üçin, ºeýle
65
hem Angliýanyò bu ýurduò pagtasyna, ýüòüdir baganasyna, nebitine isleg bildirip, ýeòsede owganlar bilen
darkaº gurýanlygy üçin, Owgany özüne “hä» diýdirdigem, olaryò Orta Aziýada hüjümi güýçlendirjekleriniò
ujy iki däldigi üçin, patyºa meseläni bada-bat çözjek
general hökmünde Skobelewi bu ýere ýollaýar. ªol
döwürde onuò bilen bu ýere gelen ofiserleriò birnäçesi
öz gündeliklerinde general hakda birnäçe ýazgylar
galdyrypdyrlar. Oòa öòden belet ofiser udow “...Skobelew göwnüme juda gylyksyz bolan ýaly, ol sähel
zada hem pejigýär...» diýip bellese, hudo nik Wereºagin
öz inisine bu ýerden iberen hatynda: “General edil
Delfiý Orakul ýaly gepleýär, oòa bada-bat düºünme-de
kyn...» diýip ýazypdyr.
Mihail Dmitriýewiçiò bu ýerde gazaply hem düºnüksiz
bolmagyna onuò maºgala ýagdaýynyò sebäp bolan
bolmagy-da gaty ahmal...
...1880-nji ýylyò tomsunda generalyò ejesi Olga Nikolaýewna ýany juda köp pully Filippola gelýär. Ol
oglunyò Balkan ýarym adasyndaky uly abraýyny peýdalanyp, ýany bilen getiren puluna mülk edinmekçi
ekeni.
Karlowa, Sliwno, Gazanlyk, Nowu-Zagore Olga Nikolaýewnany halk gahrymanynyò ejesi hökmünde uly
dabara bilen garºy alýar. Ähli ýerde diýen ýaly onuò
töwereginde poruçik Uzatis bolupdyr. Poruçik Uzatis
ruslaryò we bolgarlaryò arasynda uly hormatdan peýdalanýan ofiser ekeni. Ol Ni niý-Nowgorodda barly
maºgalada dünýä inipdir... 1876-njy ýylda Nikolaýews66
kiniò in enerler taýýarlaýan uçiliºesinden kowlandan
soò, Çernogorýa gidip, ºol ýerde türklere garºy söweºlere
gatnaºypdyr. Rus goºunlary Bolgariýa gelen mahaly ol
general Skobelewiò 16-njy diwiziýasyna goºulýar. Plewna söweºinde edermenlik görkezip, generalyò ünsüne
düºýär. Georgiý ordeniniò V derejesine mynasyp bolýar. General ony özüne kömekçi edinip, ýanyna alýar.
Türkler Balkandan kowlup çykarylandan soò hem ol
ºol ýerde, rus goºunlarynyò sanynda gulluk etmäge
galýar.
Uzatisiò wepaly hyzmaty, oòa uly ynamyò döremegine sebäp bolupdyr. ªol wagtdaky Russiýanyò Balkandaky ilçisi knýaz Seretelew hem ol barada gürrüò
bolanda, hemiºe ºu sözleri gaýtalaýar ekeni.
“Eger-de meniò ilçihanamda birnäçe million pul
bolup, bir ýana gyssagly gitmeli bolaýan ýagdaýymda,
kimdir birine öz ýerimde galmagy hem pullary saklamagy ynanmaly bolsam, onda men poruçik Uzatisden
hyzmatyny sorardym».
Olga Nikolaýewna Çirpana gitmegi ýüregine düwen
mahaly ol öòünden Uzatis bilen gepleºipdir, ýöne poruçik
oòa juda gyssag iºiniò barlygyny aýdyp, bu gezek
özüniò ýoldaº bolup bilmejegini mälim edipdir.
Generalyò ejesi ýanyna 46 müò pul hem-de hyzmatkärlerini alyp, unter ofiser Iwanowyò ugratmagynda gije ýola düºüpdir.
Puly Olga Mihaýlownanyò öz syýahatynyò hakyky
manysyny gizlemek üçin alan bolmagy hem mümkin.
“Olga Nikolaýewna Bolgariýa mülk edinmäge gidip67
dir...» gürrüòiò yzysüre Peterburg ol hakda “Generalyò
ejesi ol ýere gizlin Balkan guramasynyò iºi bilen
gyzyklanmaga, ºol guramanyò üsti bilen ogluny öòe
sürmäge, ºeýdibem Balkanda Russiýa dahylsyz bolan,
özbaºdak Skobelew döwletini döretmäge ogluna ýardam etmäge gidipdir...» diýip gürrüò edipdi.
Olga Nikolaýewnanyò gije-gündiz mülk alma bahanasy bilen bolup ýörºüni synlanyòda, soòky gürrüòiò
çyndygyna birhili ynanasyò hem gelmän duranok... Ol
ºol gezek Filippoldan uzaklaºmanka, poruçik Uzatis
özüniò çernagorly iki ýoldaºy bilen duýdansyz olaryò
öòünden çykypdyr.
Generalyò ejesi kolýaskany sakladan badyna, Uzatis
sen-men ýok, dessine onuò depesinden gylyjyny inderipdir. Dogry gelen ölümden diòe unter ofiser Iwanow bir tär bilen gutulypdyr. Bu ölüme Olga Nikolaýewnanyò çykyºlarynyò, ýerinde aýdylmadyk bijaý sözüniò sebäp bolan bolaýmagy-da mümkin. Uzatis
özüni atyp öldüreni üçin, bu syr bolup galypdyr.
Ejesiniò ölümi, onda-da bu hili özünden soòa ençeme
ýakymsyz gürrüòleri goýup giden ölüm Skobelewe gaty
agyr degipdir.
Onuò ejesiniò jaýlanmagyna gatnaºmak islegini Patyºa
Aleksandr II kanagatlandyrmandyr.
Skobelewiò türkmenlerden ylalaºmak gazanmak meýli
bilen huzuryna gelen on iki sany ilçini baºaºak asdyryp, hudo nik Wereºagine “On iki asylanlar» iºini
naturadan çekmäge mümkinçilik döreden wagty onuò
68
ejesiniò syýahaty bilen ýanyp-biºip ýören, agyr pursatlary baºdan geçirýän wagtlary ekeni.
Belki-de, töwereginiò öwgüsi patyºa generalynyò
pälini azdyrandyr. Sebäbi ony ºol günler daºary ýurt
gazetleri Napoleon bilen deòeýän ekenler. Has-da fransuz gazeti “Nuwel-rewýu» onuò bilen her taraplaýyn
gyzyklanyp, iki taraply makalalar çykarypdyr.
“Skobelew seniò gysymyòdaky lukmaòy almaga,
ýeòiºleriòe eýe bolmaga barýar...»
“Rus administrasiýasy Orta Aziýa öz täsirini ýetiren
wagtynda, Tibeti, Kaºgary alan ýagdaýynda beýik döwlet
bolup biler» diýip, ony gündogara öjükdüripdir.
Skobelewiò Orta Aziýadan Napoleonyò Müsürden
gelºi ýaly dolanyp geljegini ýazýan gazetler-de bardy.
Baºga bir fransuz gazeti bolsa: “General häzir ýakyn
günlerde galany partlatmak üçin onuò aºagyny gazdyryp, däri daºadýar. Bu emel ozalbaºda fransuz ofiserleri
tarapyndan 1854-1855-nji ýyllarda Sewastopolyò garºysyna
ulanylypdy» diýip, ºol gezek fransuzlaryò Eduard Iwanowiç Totlebenden alan almytyny bilgeºleýinden ýatdan çykaran bolup gürleýärdi. ªol gezek admiral Totleben duºmanlaryò partlatmak niýeti bilen ºäher aºagyny
köwýänlerini bilip, olaryò garºysyna ýörite sapýor
goºunyny goýupdy, fransuzlaryò niýeti puja çykypdy.
1881-nji ýylda general Skobelew, patyºa goºunlary
üçin Gündogarda basyp almasy iò kyn bolan “Boýun
egmez” gala adyny alan Gökdepe galasyny partladyp,
onuò külüni göge sowurýar...»
69
1882-nji ýylyò 12-nji ýanwarynda Skobelew Peterburgyò “Barelýa» restoranynda, Gökdepe galasynyò
alynmagynyò 1 ýyllygy mynasibetli dabarada söz sözleýär. Ol galany alºynyò üstünde durup geçensoò, AwstroWengriýa öjügip söz sözläpdir. Awstro-Wengriýa hem
bada-bat rus döwletine “Içerki iºlerine goºulýany üçin»
duýduryº beripdir.
Tizden rus döwletiniò daºary iºler boýunça iºleriniò
uprawlýaýuºisi Girs Awstrýa babatda Skobelewiò juda
ýerliksiz gürlänini boýun alyp, ötünç soraýar.
Onuò bu çykyºy Peterburgda il içinde: “Ol özüni
Garribaldy hökmünde görkezmek isledi, emma bolmady...» diýen gürrüòiò döremegine sebäp bolupdy.
...1882-nji ýylyò 26-nji iýunynda general iki sany
zenan bilen “Angliýa» restoranynyò çolaja künjeginde
otyrka tarpa-taýyn ölýär. Onuò meýidini ilki Moskwa
uniwersitetiniò professory açyp görýär, hem ýürek, öýken
ysmazlygy döräpdir diýen netijä gelýär. Generalyò
wraçy Geýfekder bolsa “Onuò ýüregi sagdy...» diýip,
professoryò gelen netijesi bilen ylalaºmandyr.
Öleninden soò onuò yzynda: “Generala restoranda
otyrka, gapdalky bir ýerlerden “Gökdepe gahrymanyna»
diýlip, dabara bilen ºampan ºeraby berlipdir. General
ºampanskini baºyna çekipdir. Bulgury iòlis jansyzlary
awy goºup ýörite edipdirler» diýen gürrüòlerem bolupdyr.
Pari unwersitetinde birnäçe döwletleriò garºysyna
çykyº edeni üçin, patyºanyò hut özi: “Bu guduzlan it
üçin men indi her ýeten döwletiò öòünde ötünç sorap
70
ýörmeli bolarynmy»... diýmegi, ölümine sebäp bolanmyºyn
diýen gürrüòler hem bolupdy.
General öz ömrüni soòlansoò, wagt onuò ºöhratynam,
yzynda galan myº-myºlaram onuò Gökdepe galasyny
partladyp, külüni göge sowruºy ýaly, öz topuna salyp
gümmürdedipdi.
***
Çölüò üstünden ýazyò görmegeýliginden, keýpihonlugyndan habar berýän çyglyja ºemal öwüsýär. Meýdan
hut düýnki gündäkisiniò ekiztaýy. Ol özüne laýyk
köýnegi geýen gelin ýaly, synlamak üçin ýakymly.
Töweregiòe ser salan mahalyò kimdir biri ol gelni
gujagyna göterip, töweregine aýlap durana meòzeýär.
Atlarymyz bizi bir-birlerine meòzeº gara öýlerden,
selçeò pagsa jaýlardan ybarat obalaryò duºundan geçirip alyp barýar.
Her gezek bir oba ýakyn barlanda, itler alagowurdy
bolºup, biziò öòümizden çykýardylar, atlaryò töweregini gallaºyp hüjüme geçýärler. At janawarlaryò jylawlaryny çeýneºip howsala düºmeklerine sebäp bolýardylar. Has-da Hommadyò münen sarç aty urnup heläk
bolýardy. Häli-ºindi durup, guýrugyndan aslyºyp diýen
ýaly üýrýän itlere toýnak salyp azara galýardy. Itlerem
jyn ýaly çalasyn jandar, aòsat onuò atymyna gelmeýärdiler. Boºlugy depip lapykeç bolýardylar. Itler hem
ºeýle jogapdan soò, özlerini has-da gaharly alyp barýardylar. Diºlerini syrtardyºyp, gorkunç tüýse giriºip
öjügýärdiler. ªol gezek welin ol gazaba münüp, gulak71
laryny ýapyryp, boýnuny süýndürip, düºdi birden itiò
söbügine. Iki elim bilen ýapyºyp, zordan eýeriò üstünde
saklandym. Zähresi ýarylan it onuò ýetip gelýänini
görüp, itler toplumyny taºlap, ümdüzüne gaçdy. Her
gezek itler bilen duºuºyk bolanda, bu ýerlere syýahat
eden fransuz in eneri Bularjäniò ýazgysy meniò ýadyma düºýärdi. Ol gündeliginde: “Türkmenleriò gulakdan-guýrukdan ýaºlykda halas edilen örän äpet hem hyrsyz
itleri bar. Mary diýen bir ýerde ºeýle itleriò biri bir
generalyny hem iýenmiº» diýip ýazýardy.
Ilter käte biziò bilen gyzygyºyp, goòºy obanyò
deòesine ýetenlerini hem duýman galardylar. ªeýle
bolanda, hemiºe tomaºa bolardy. Iki obanyò itleri garpyºyp,
özleriniò adybir itdiklerini unudyºyp, biri-birleri bilen
gyzyl et bolýançalar urºardylar. Biz bolsa bada-bat
ýatdan çykardyk, itleriò öz bir-birlerinden özgä elleri
ýetmezdi. Olar bir-birlerine tüýs mynasyp garºydaºlardy.
Gijöýlänler biziò çopan goºy hasaplap, agºam ol
ýerde bolup, dem-dynç almagy niýetläp sowlan tüssämiz,
birnäçe serhetçileriò ugratmagynda, çölüò bir ýerlerinden dolanyp gelýän çaklaòrak göç bolup çykdy. Töwerekden saýlanyp oturan inedördül depäniò üstüne ýanaºyk
edilip birnäçe düºek atylypdyr.
Beýleräkde goº-golamyò töwereginde bedre börükli
bir aýal, iki sany egni ak köýneklije, garakelle oglanjyk
görünýär. Gapdalda töwerege ýakymly ysyny ýaýradyp gara gazan gaýnap dur. Agzy ýaºmakly aýal wagtal-wagtal turup, çagalar hem gazan aralygyna gatnaýar.
72
Hommat bizi görüp ör galan adamlaryò arasynda
inçesagt, eòegi çowly, egnine düýe ýüòünden örülen
melemtil goòur çäkmenli, baºyna buraly telpek geýen
adamy görüp begendi.
— Bä, Öwezgylyç bagºy ýaly-la bi! — diýip, ýylgyryp dillendi. Ady tutulan adam bizi içgin synlap, ozal
nirede görenini ýadyna salyp bilmän kösendi.
— Bagºy, Senem görmek bar ekeni.
— Hawa, bizem-ä bardyrys özün-ä. — Bu sözi
aýdan wagty näme üçindir, onuò ýüzi gürrüòdeºini
tanamaýanyny mälim edip müýnli ýylgyrdy. — Gelen
ýeriniz, ana, ºol bolýar — diýip, Hommat bu gezek
göwünlik beriji äheòde dillendi. Soòundanam onuò bizi
nirede görenini ýadyna saljak bolup azara galýanyny
duýup: “Bagºy, bizi tanajak bolýaòyz-ow» — diýip,
özüni tanatmak üçin ýylgyrdy.
— Öz-ä bir gören tanyº ýüzüm...
— Hmm...— Hommat ýene-de ýylgyrdy: — Bir
ýola ºagal obaò gapdalyndan geçip barýan ekeni, oba
oglanjyklary ony görüp, “ºagal-da, ºagal» bolºup
gygyryºypdyrlar, ºagal ºonda: “Bäý, bulaò hemmesi
meni tanaýa, men welin bularyò hiç birisinem tanamok» diýenmiºin. — Hommat bu hekaýaty bagºysazandanyò oturyp-turýan ýeri, duºuºýan adamlary köp,
ol olaryò haýsy birisini tanasyn diýen manyda aýtdy.
Soòundan bolsa bagºynyò ýadyna düºer öýden bir
duºuºygy ýatlady.
— Siz meni ýadyòyza saljagam bolmaò, biz ºindi
ºeýle içgin tanyºybam ýetiºemizok... ªol gezek Pöwrizede
73
Moskwadan gelen myhman sazandanyò hormatyna gurlan
üýºmeleòde menem bardym, pianinonyò baºynda öò
oturmadygam bolsaòyz, siz ºol gezek moskwaly myhmanyò çalºyny görüp-synlanyòyzdan soò, onda “Daraýy
donlyny» çalyp beripdiòiz.
— Sizem ºonda bar ekeniòiz-ow — diýip, bagºy ol
duºuºygy ýatlap begendi.
— Bardym. Gaýgysyz Serdarowiç, Me lauk, Paskuskiý,
Aýtakow ýoldaºlaram bardylar.
— Hemmesi ýadymda. — Bagºy birsalym geplemän,
donunyò bajygyny çözüp, daòyp oturdy.
— Aý, bizem ýüregine gulgula düºen gul-da, göçürjek bolsaò türkmeniò gapdalyndan göç geçir diýilmänmi näme. ªol hakyt dogry gürrüò ekeni. Hälem Gaýgysyz
meniò bilen deò bolmandyr. Ýatlap, ýörite kagyz ýazyp
iberipdir.
— Habarym bar, bagºy, gelen ýeriò bolýar —
diýip, Hommat uýatly bagºa ýene-de göwünlik berip
gepledi.
Tanºyp otursak, bu adam barly adamlaryò aldawuna düºüp, olar bilen göterilip giden türkmeniò söýgüli
bagºysy ekeni. Serhetçiler onuò elinde Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiò hatyny görüp, oòa ýoldaº bolup
gelýän ekenler. Bagºynyò ýüzünde ýol argynlygynyò
hem-de ýüregi harasatly adamyò ynjalyksyzlygy bar.
Ondan-mundan mesawy gürrüò edilýän mahaly ol bize
özüniò alan hatyny çykaryp görkezdi. Hat gerek wagty, çykaryp görkezilende gören adamyò haýsy dilde
gepleýänligine seretmezden, düºnükli bolmagy göz öòünde
74
tutulyp, iki dilde, rus hem türkmen dillerinde ýazylypdyr.
“Öwezgylyç!
...Beýdäýmegi kimden garaºsak-da, senden-ä
garaºmandyk. Pikirlenmänligiò, ölçerip dökmänligiò belli
boldy.
Sende ata-babalarymyzyò timarlap ösdüren, ýürekleri bilen ýyladan aýdym-sazlarynyò uly bir bölegini
jemlän gursak bar. Ol gursak bolsa bir seniò öz zadyòam
däl, ol il-günüò baýlygy. Seniò gitmegiòe men ºol uly
baýlygyò gitmegi diýip düºünýärin. Diòe sen däl, seniò
ata-babaò hem il içinde bagºyçylyk edip, Magtymguly
aganyò agzibirligi ündeýän pikirlerini depesine täç edinip
gezen adamlar bolupdyr. Jemlenmek, döwlet bolmak
bu biziò elýetmez arzuwymyz dälmidi näme?!
Biz özbaºymyza döwlet, respublika. Seniò il-güniò
elýetmez tylla halka el ýetirdi. Begençden diòe biz däl,
biziò garºymyza ok atyp ýören Jüneýit hanyò gurultaýa ýollan wekilleri hem: “Hudaýa ºükür, meniò ilim
hem ahyrsoòy döwlet boldy...» diýip begeniºip aglapdyrlar...
Bolºewikler döwleti seniò ýaly azaºan adamlara
yzyny tapmaga kömek etme niýeti bilen günäòizi geçýän
ýörite karar çykardy. N. Ýomudskiý, A. Atabekow ýaly
adamlar eýýäm gaýdyp gelip, öz iline gowuºdy.
Seniò hem gelip öz döwletiòde, öz ýeriòi eýelemegiò
gerek, Öwezgylyç! Magtymguly agany köpräk ýatla,
ºonda sen maòa has gowy düºünersiò!...
Türkmenistan Halk Komissarlar Sowetiniò baºlygy
G. S. Atabaýew.”
75
Men düºek üstünde ornaºyp bagºy bilen, töwerekdäki esgerler bilen saglyk-amanlyk soraºyp oturdym. Bu
günüòem ýakymly ýaz günleriniò biridigini, bu ýyl
ýazyò bir ýerlerde eglenip, öòki ýyllarkysyndan gijigip
gelenligini, al-ýaºyl öwsüp oturan, ot-çöpleriò, gülgunçalaryò goºulyºmagy bilen dörän gözilginçligi hyýalymyzdaky jennetiò bir künjegi bilen deòeºdirip oturdyk. Hommat bolsa indi birwagtdan bäri serhetçileriò
gyzyl ýüzli, gözleri kiçijik komandiri bilen çete çekiliºip
ikiçäk gürrüò edýär. Saçak ýazyp nahar iýlensoò, orta
ýene-de çaý geldi. Aýdym-saz boljagyny duýup ºundan
soò, häliden bäri ejeleriniò töwereginden çitde-mit bolºup
öz çaga oýunlaryny oýnaºyp oturan bagºynyò ogullary
hem ýortuºyp biziò ýanymyza geldiler. Oglanlaryò kiçirägi
eýemsirenip, kakasyna dykylyp diýen ýaly oturdy, ikinji
oglan özüniò jigisinden uludygyny ondan parhlyrak
bolmalydygyny özüne ýatladyp, aýbogdaºyny gurup
uly adamlara meòzäp, beýleräkde oturdy. Özi bilen
getiren kiçijik dutarjygyny öòüne kese basdy. Bagºy
çäkmenini çykaryp, ony egnine ýelbegeý alansoò, howlukman köýneginiò ýeòlerini gezekli-gezegine tirsegine çenli
çermeºdirdi, göreº tutmakçy bolýan pälwanlara meòzäp,
inli guºak bilen bilini guºandy. Diòe ºundan soò ol kiçi
oglunyò öòüne kese basyp oturan, tut agajyndan gazylyp oòarylan dutaryny eline aldy. Özi bilen goºup saz
çalmak höwesi bilen oturan oglana gözüni aýlady, biziò
ýerli-ýerden oglanlaryò ejeleriniò ýanyndan getiren kiçijik
dutarjyga höwesli, gyzygyºyp seretmegimiz onuò aý76
dym-saza baºlamazyndan öò ýüzugra kiçijik dutaryò
taryhyny ýatlamagyna sebäp boldy.
— ªular ýaly oglankam — ol kiçi ogluna tarap
güzüni aýlap goýberdi. — Menem ýaman dutara höweslidim. Çemin tapdygym kakamyò dutaryny gujaklap,
çalan bolup oturardym. Onuò tarlaryny üzüp, müýn
çeken gezeklerim-de az bolmandy. Ejem diýmiºleýin-ä
men çagakam kakam dutar çalsa begenip gol-ganat
bolubirmiºim. ªol günler kakam maòa dutar sapyny
diºledip saz çalar eken, bu bolsa maòa diýseò ýarapdyr.
Kakam aýtmyºlaýyn, ºeýdilende, saz ýaºlykda çaganyò
süòòüne ornaýarmyºyn, hem gyzamykdan galan kesele
meòzäp, hemiºelik onuò süòòünde galarmyºyn.
...Bir ýola bir ýere gitmekçi bolan kakam dutaryny
tapmandyr. Meniòem öýde ýoklugymy görensoò, ol
dutaryò öýden uzakda däldigini aòypdyr. ªol gezek ol
meni bukulyp, özbaºyma saz çalan, bagºy bolan bolup,
oturan ýerim samankümämizden tapypdy. ªundan soò
ol tiz wagtdan ºujagaz çemelije dutary maòa ýasap
beripdi.
Bagºy gürrüòiò soòunda kiçijik dutara ýene-de bir
gezek mähirli seredip goýberdi. Ol ogly bilen goºulyºyp
birsalym saz çalyp oturdy. Soòundan bolsa özüniò
labyzly sesi bilen aýdymlar obasynyò bir ýan çetinden
girip ugrady. Haýsydyr bir guº ýuwaºlyk bilen ýokary
göterilip uçup ugran ýaly boldy.
Gije gelip, many bolup, biziò töweregimizde dymyp
oturan çöli eýeledi. Indi çöl depesi gara keçe basyrylgy
77
türkmen öýüne çalym edýär. Biz bolsak häzir ºol öýüò
ojagyny töwerekläp oturan adamlara öwrüldik.
Hommat wagtal-wagtal bagºy her aýdymyny soòlap,
öòündäki çaýly käsesine elini ýetiren mahaly ýa-da
dutaryny çekip, onuò ýassygyna güýmenip ara böwºeòlik
düºende, aýdymlaryò maòa-da düºnükli bolmagyny,
ondan meniòem öz alýan lezzetimi almagymy isläp,
pursatdan peýdalanyp, onuò mazmunydyr taryhyndan
öz bilýän zatlaryny aýdyºdyrýar.
Bagºy her gezek diýen ýaly, hamala bu pursadyò
öòüsyrasy Hommat bilen öz aýtjak aýdymlaryny maslahat
edene meòzäp, hut onuò muòa gürrüòüni beren aýdymynyò sözlerini özüne mahsus labzy bilen sanap ganatlandyrýar.
Hommadyò bu hereketleri onuò bagºyò aýdym repertuaryna juda beletliginiò alamatyndan baºga hiç
zat däl.
Soòabakan men Hommadyò gürrüòi bilen bagºyò
ºol gürrüòi özüçe tassyklamasyna ºeýlebir gyzygyp
ugradym welin, eºiden zatlarymy bada-bat ýazyp almaýandygymy, olaryò unudaýmagymyò mümkindigini
ýatlap aladalandym.
Men, bu çölde görýän-eºidýän ähli zatlarymyò öz
arzuwlap gurmagy niýet edinip, ugruna çykan binamyò bir kerpijidigine ynanýardym. Bu ynam bolsa
meniò bilesigelijiligimi barha artdyrýardy.
Dur, gardaºym, eý, senden-eý habar alaýyn,
Artyknyýaz atly ýarym-ow amanmy?
78
Bagºy dutaryny çekiºdirensoò, oturan ýerinde leòòer
alyp “Saltyklara» tutduryp ugran mahaly men bu
sesiò, on ýyl rakyp zyndanynda ýatan, indem bir ýol
bilen ol beladan sypyp yzyna dolanyp gelýän Magrupy
ºahyryò sesidigine ynyndym. Magrupy, Hommat
aýtmyºlaýyn, türkmenleriò “saltyk» tiresinden dörän
ºahyr bolupdyr. Söweºleriò birinde ol Eýrana ýesir
düºüpdir. Duºman onuò gözüni oýup, özüni zyndana
taºlapdyr. Saltyk türkmenleriò Amyderýa boýunda oturan, soòundan taryh-da “Beýik seljuklar» at alan tiresiniò
çyn adydyr: “seljuk» diýip, olary basyp alan ýurtlaryò
adamlaryny atlandyrypdyrlar.
Magrupynyò menzil-menzil ýol aºyp gelýänini, ilýurduna ýakynlaýanyny ilki onuò söýgüli gelni Artyknyýazyò ýüregi syzypdyr.
Girip-çykyp, onuò ýüregi hiç ýerde karar tapmandyr.
“ªu hepdäò bir ýerinde ogluòyz bir ýerden gara berer»
diýse-de, gaýyn atasy-da oòa ynanmandyr.
Artyknyýazyò duýgusy ony aldamandyr. Iki-üç
günden Magrupy öz ýoldaºlary bilen obalarynyò üstünden
inipdir. Il-güne, dogan-garyndaºyna, söwer ýary Artyknyýazyò yhlasyna gowºupdyr.
Ýeòsede, serhetçileriò atlaryò otuna-suwuna seredýän
hem-de töwerege gözegçilik edýän tarapyndan bir güpürtapyrlyk bolan ýaly bolsa-da, aýdym-saza berliºip oturan adamlar bir üºerliºseler-de, soòundan oòa ähmiýet
beren bolmady.
Garaòkydan duýdansyz çykan elleri ýaragly adamlary biz diòe toparlanyºyp alkyma gelenden soò görüp
79
galdyk. Hommat ukuda ýatyrka, depilip turuzylan ýaly
garaºylmadyk tizlik bilen syçrap, ters öwrülip, bilindäki
mauzerine ýapyºdy.
Barybir giçdi. Onýança:
— Adamlar, ýaraglaryòyz gabyndan çykmasyn! —
Garaòkydan çykanlaryò öòünde duran adam hökümli
gepledi. — Ýogsam... — diýdi-de, ol soòundanam “Ýaraga
ýapyºybermeli bolsa bu adamlar sizden kem oturmaz»
diýen manyda öz arkasynda häzir bolºup duran adamlara tarap seredip goýberdi.
Gapyllykda üstüò aldyrylandygy belli boldy. Türkmenleriò “Almany asmana at, ýere düºýänçä ýa pelek!”
diýen akylyna eýeräýmeden baºga alaç galmady. Bir
bada hiç kim näme-näme bolanyna, indi näme boljagyna düºünip bilmedi, hemmeler süýji ukudan oýadylan
ýaly bolºup, pikirlerini çugdamlap bilmeýäne meòzeºip,
äm-säm bolºup durdular.
Kelte boýly dörtgyraò pyýada gapdalda düýrügip,
oýunda utulanlygyna henizem ynanyp bilmän duran
serhetçileriò komandirine ýüzlendi. — Komandir, ýeòsede,
atlaryò ýanynda seniò adamlaryò bar ekeni. Olary
biziò oglanlar ýaragsyzlandyrdy. Hiç kime hiç zat bolanok. Ine-de olaryò biriniò ýaragy!
Soòra ol bir elinde ortam bilinden tutup duran
bäºataryny gütledip gapdala atdy. — Soòra... eýelik
edersiòiz!
Ol söm-saýak bolºup duran adamlaryò arasyna göz
aýlap, ol ýerden Öwezgylyç bagºyny tapansoò, düýbünden özüne mahsus bolmadyk bagºy bir hörpde
80
gürledi. ªonda onuò sesi bokurdagyndan gaýnap çykan
ýaly bolup eºidildi.
— Bagºy, senem görme bar ekeni...
— Hmm...
Öwezgylyç bagºy ýene-de gürrüòdeºini tanajak bolup, gelip öòünde elini goýbermän duran adamy siòòin
synlap, ýadyny dörüp kösendi.
— Azabymyz ýerine düºdi hernä, seniò Gaýgysyzyò
çakylygyna barýanyòy çopanlardan eºitdik. Olaryò
ýanynda düºläp gaýdan ekeniòiz...
— Hawa, ºahandaz ýigitler ekeni — diýip, bagºy
ýol ugra goºunda düºlän çopanlary ýatlady.
Gelenleriò ýolbaºçysy aýlanyp töwerek bilen birin-birin elleºip görºensoò, yzyna düºüp gelen adamlar hem onuò hereketlerini gaýtaladylar.
Garaºylmadyk adamlaryò bu hereketleri, galybersede olaryò ýolbaºçylaryò bagºyny tanaýanlygy aradaky
dartgynlylygy mese-mälim gowºatdy. Bularyò aòyrdan
“basaýyn, alaýyn” diýip gelen adamlar däldikleri ºu
gürrüòlerden soò belli boldy. Dörtgyraò pyýadanyò serhetçileriò komandiri bilen rus dilinde gürleºmegi bolsa
meniò bu ynamymy has-da berkitdi. Bu onuò ruslar
bilen ýakyn gatnaºykda bolan adamdygyny belli etdi.
Russiýa bilen ykbal baglanyºygy bolan adamlaryò haýsy
ildenligine seretmezden, onuò hemiºe kalbynyò bir künjeginde ruslara bolan ýakymly duýgyny saklaýandygyna
men köp gezek gabat gelipdim.
Görüp otursam, bular Öwezgylyç bagºynyò yzyny
yzarlap, mümkinçilikden peýdalanyp, ol bolºewikler
81
dünýäsine halys siòip gitmänkä, ony ýene-de bir gezek
diòläp galmagy niýet edinen adamlar ekeni.
Men olary synlap: “Basmaçy» diýilýän ºular ýaly
täze durmuºy ýüregine jaý edip bilmeýänler bolmaly-ow
diýip oýlandym.
Dörtgyraò pyýada düºekde ornaºansoò, onuò ýany
bilen gelen adamlaryò birnäçesi gapdalda ot ýakyºyp,
ýanlary bilen getiren keýik läºinden nahar, ºor taýynlamaga durdular.
— Tejenli Adna baýyò ogly Dagym men — diýip,
gelenleriò ýolbaºçysy bagºa özüni tanadyp oturdy.
— Adna baý, Adna baý... — Bagºy ony ýadyna
saljak bolup oýurgandy.
— Orus baýam diýýändirler oòa...
— Hä, ºeý diýsene. Ana, indi boldy, tanadym.
— Kakam bende orusçylrak bolansoò oòa köplenç
Orus baý diýerdiler. ªu häzirki Paskuskem Tejene injinerlik etmäge gelen ýyllary biziò duzumyzy köp iýendir.
— Ataò pahyr hem aýdym-sazyò ölemen aºygydy.
“Bagºym, seni bir diòlesem, telim günläp dünýäniò
keýpihony men bolýan...» diýerdi bende. Onuò Gelenje
ýasan bir gowy gazma dutaram bardy.
— Çalan-a bolardy... Öýlenen günüm meniò toýumda aýdymy siz aýdypdyòyz. — Dagymyò ýadyna toý
güni gujagy bägül ysly gelinli öý, bagtly pynhan
pursatlar düºen borly, ol gürrüò arasynda ýylgyrybam
goýberdi. Ýene bir gezekde bolsa ol gürrüò arasynda
nämedir bir zady ýadyna salyp, maòa tarap öwrüldi.
82
— Aramyzda piterli garyndaºyò barlygy geò zat.
Her zada garaºýan-da bolsam, men bu duºuºyga asla
garaºmandym. Onda-da itgyran çölüò bir ýerlerinde.
... Piter-ä ºäherdir-le, heniz-henizlerem göresim gelip,
onuò ýüregime düºýän wagtlaram bolýar... Ol Hommat
ikimiziò göni garºymyzda otyrdy. Oduò ýagtysyna men
Dagymyò ºöhle çaýylyp gyzaran ýüzüni, gyrmyzy donuò
aºagynda geýen harby lybasyny, gözleriniò ýagta ýaldyrap
gidýänini görýärin. Görüp otursam, ol ýaºlykda Peterburgyò ikinji kadet korpusynda terbiýelenen bolup
çykdy. Kakasy oòa “Ak patyºa beren oglum» diýer
ekeni. Ol rus goºunlarynyò sapynda bolup, Pribaltika
tokaýlarynda, Laplandiýada söweºip, Georgiý hajynyò
IV derejesine mynasyp bolupdyr. Laplandiýada ýaralanypdyr, tenin-de gangrena baºlanypdyr. Ony goºundan
boºadypdyrlar. Oba gelensoò, Sähetmyrat tebip onuò
tenini pyçak bilen diliºdiripdir. Dürli otlardan taýynlan
güýçli ýapylaryny ýapypdyr. ªeýdibem, ýaranyò töwereginde täzeden et örüp, ol ölmän galypdyr. Dagym,
ýogsam, ºol gezek öz iline ölmäge gelen ekeni.
Hommat gürrüòe goºulman, Dagymyò gürrüòleri
özüne täsir etmeýän, ol gürrüòleri hasaba almaýan ýaly
bolup, birsalym mundan öò kimdir biri bilen ýaka
tutuºyp, ýüregini çiºirip alana meòzäp, süòòüni diòläp
otyr.
Belki, onuò häzir “Men nädip özüme ynanylan
adamy bu ýagdaýdan alyp çykyp bilerkäm, bu wakanyò soòy näme bilen gutararka?» diýip meniò aladamy edýän bolmagy-da mümkin.
83
— Meniò size ýekeje soragym bar, garyndaº diýäýeýin.
“Ýoldaº” sözüòiz bar, ýöne men entek ony ölçeripdöküp ýüregime jaý edip bilemok. Meniòçe ýoldaº,
dogany ýok wagty onuò ornunda durup biljek adam
bolmaly...
— Andreý Andreýewiç — diýip, serhetçileriò komandiri Zaharow Dagymyò sözüni böltäp, oòa maòa
nähili ýüzlenmelidigini ýatlatdy.
— Dagym onuò sözüni hasaba almady. — Siz bu
soraga jogap bermänem bilersiòiz. Ýaòy elleºip görºen
wagtymyz men bir zady özüm üçin anykladym, siziò
eliòiz sowuk suwa elini uran adamyò eline-hä meòzemeýär. Zenan maºgalanyò eli ýaly ýumºak. Bu bolsa
siziò hiç wagt gara iºiò töwereginde görünmändigiòizi
habar berýär. Siz çöregiò hökümli tarapynda duran
adam bolmaly. Gepiò küle ýeri siz ak patyºa hyzmat
eden, oòa golaý duran adamlaryò toparyndan bolmaly.
Indem, ine, siz “bolºewik adamy» hasap edilýänleriò
biri bolup ýörsüòiz. Biziò ilde hem suw ýaly haýsy
gaba guýsaò ºol görnüºi eýeleýänler bar. Ýöne beýdäýmek, iýen duzuòy depelemek dälmi näme? Ine, men
nädip ºeýdip bolýanyna düºünip bilemok...
Dagymyò kinaýaly gürrüòi maòa ýokuº degdi, mende
bolºewizmi ile gelen döwlet hökmünde kabul ediºimi,
bir-iki — diýip sanap, barmak büküp, gürrüòdeºimiò
ýüregine “jüòk» bolar derejede düºündiresim, ºol bir
wagtda bolsa onuò özüne-de: “Saòa-da, ýagºy ýigit, ol
hakykaty etmäge çak bolupdyr, gijigdirseò paltany öz
84
aýagyòdan salarsyò, otuz-kyrk atla baº bolup, näçe gün
gaçyp-tezip ýaºarsyò» diýesim geldi.
Ýöne ºindi göwnüme düwen gürrüòime baºlamankam,
bu ýeriò jikme-jikligiò ýeri däldigi hem kelläme geldi.
Pikirlerimiò ikisini-de saldarlap görenimden soò, öz
ýanymdan soòky gelen pikirimi unadym.
— Ýagºy ýigit, adamlaryò hil-hil bolºy ýaly olaryò
hakykata geliºleri-de hil-hil bolýar. Men eline ýarag
alyp Gyº köºgüne zabt edenleriò arasynda ýok-da
bolsam, ºolaryò eýelik eden döwletiniò ruslara, onuò
bilen ykbalyny beýleki halklara-da görülmedik gowlugy
getirjegine ir düºündim — diýdim.
Dagym: “Seniòkem dogry, myhman aga” diýen manyda köp manyly gülümsiräp, öz soragyna kanagatlanarly
jogap alan adam hökmünde menden ünsüni sowdy.
Soòundan bolsa ýene-de bagºy ýüzlendi.
— Bagºy, indi nobat seniòki. Ata-babalary bir garysyna
galdyr!
Bagºy dyzyny ýassanyp uklap galan oguljygynyò
baºyny göterip, ony gapdalyndaky iki baºy büzmekli
ýassyga goýdy-da, öòünde duran dutaryny eline aldy.
Töwerekde hyzmat edip ýören ýaº ýigitleriò biri,
aýdym aýdylanda oglanjygyò tisginip oýanaýmagynyò
mümkinligini pikir edip, ony göterip ejesiniò ýanyna
eltip gelmekçi boldy. Ýöne bagºy nämüçindir eli bilen
“goý, ýatsyn» diýip yºarat etdi. Soòundanam:
— Aý, degmigaý, goý, ýatybersin, bagºy çagasydyr,
aýdym-sazy diòläp ýatsa ukusyny gowy alar — diýip,
85
bagºy oòa mylakatlylyk bilen alada galmagyò gerek
däldigini düºündirdi.
Dutar ele geçensoò aradaky dartgynlyk ýene-de epesli egsildi. Saz güwläp köne ýaba sil gelen ýaly boldyda, suwup ýap hanasyndaky ot-çöpleri öòüne salyp
gidiºi ýaly, töwerekdäki adamlaryò göwünlerindäki
ownuk-uºak kineleri hem akdyrdy gidiberdi. Bagºy
aýdymlar obasynyò birine aýlanyp, ol ýerde duºan peri
gelinleri, mert ýigitleri, bedew atlary taryp edensoò,
baºga birisine geçdi. Sazyò jadyly lummurdysy meni
eltip gujagy tolkunly ummandan çykardy: ol tolkunlap
hallan atyºyp meniò hyýalymdaky bagºyny öz
aralaryndaky gujakdan-gujaga berip zyòyºyp-gapyºyp
oýnadylar...
Aýdym-saza baºybitin berlen Hommat soòabaka
maòa aýdymlar hakynda maglumat bermesini hem
unutdy. Maòa indi her aýdyma öz mümkinçiligim
boýunça düºünäýmekden baºga alaç galmady.
Bagºynyò aýdýan aýdymlaryndan içinde häli-ºindi
Hindi, Hebeº, Diýarbekir, Çynma-Çyn, Arap, ªam, Rum
diýlip ýurt atlary, aýry-aýry ºäher atlary getirilýärdi.
Bu bolsa meniò öwran-öwran türkmenleriò taryhyndan
bilýän zatlarymy ýatlamagyma sebäp bolýardy. ªonda
men taryhyò “Türkmenleriò atlarynyò basmadyk topragy ýok, suw içmedik derýasy...» diýen sözlerini ýatlap, gadym ºäherleriò köçelerinde owadan atlaryny
oýnadyºyp ýören, seleò telpekli türkmenleri görýärdim.
Gijäniò bir wagtlary, bagºynyò gyzyp ýetjek derejesine
ýeten mahaly, onuò aýdymlarynyò içinde iner bolup
86
kükreýän mahaly, labyzly sesiò bolsa ýer bilen asman
aralygyny dolduryp, gijäniò topar-topar gara bulutlara
meòzäp dargap gitmek hyýaly bilen biziò töweregimizde
aýlanyp gezýän mahaly men ºundan birsalym öò birbirlerine alagöz bolºup oturan Hommadyò Dagymyò
dünýäni unudyºyp oturanlarynyò ºaýady boldum. Aýdym-saz olary ikisinde-de häzir öz ganatynyò üstüne
göterip, ata-babalaryò ºöhratly ykbalyna ýetiripdir. Olar
ºol ýerde Görogla, Alp-Arslana, Uzyn hasana nöker
bolºup, gylyç urºup, naýza salºyp bir-birlerine galkan
bolºup, duºman bilen darkaº gurºup ýörler...
Bagºysy aýdym-saz edende türkmenleriò göwünleri
ersip, pikirlerinde ata-babalarynyò geçmiºine gidip, olaryò
öwüt-ündewlerine berliºip, ºol ýerde bir-birleriniò
gadyryny bilip birleºýän ekenler.
Dagym bilen Hommat bagºynyò sazyna baº atyºyp,
ençeme ýerde onuò bilen deò gopuºyp mes bolºup
otyrlar. “Daglar» — bu aýdym geçmiºdäki türkmenleriò gimni bolmaly. Özi-de muny olar ýaýlalary dolduryp atly gelýän wagtlary köp bolup aýdan bolmaly.
Bu aýdym biziò rus gussarlarymyzyò göçgünli harby
aýdymlaryna meòzeº.
Gyzylbaºyò käkillije kellesin,
Ganjygadan asyp aºanym daglar.
Bagºy ähli güýjüni jemläp aýdym-sazyò piri Körgojalynyò “Könegüzerine” gygyran wagty daò agaryp,
uzakly gije alawlap ýanan hem belli bir derejede
töweregi ýagtyldan oduò täsiri egsilip ugrapdy.
87
Bagºynyò donunyò içinde geýen ak köýnegi dere
ezilip sykybermeli bolupdyr. Ony ºemaldan goramak
üçin, egnine atylan don üç-dörde ýetipdir.
Ol jahan ýagtylyberende aýdymyny gutaryp, dutaryny gapdalynda goýansoò hem adamlar ýene birsalym aýdymlaryò täsirinden çykyp bilmän, nas atan,
indem onuò humaryna meýmirän ýaly bolºup, sesüýnsüz, oýurganyºyp oturdylar. Bagºy öz goºuna gidip,
köýnegini çalºyrynyp gelensoò Dagym atlanmakçy bolup, hormat edip ondan rugsat sorady.
— Bagºy, taòryýalkasyn. Bir ýaºan ýaly boldum,
hezil berdiò. Indi bolsa näme, ýolagçy ýolda ýagºy
diýleni, bizem rugsat bolsa tursak!
— Elimizden gelen-ä edilendir.
— Taòryýalkasyn. Mandysyny goýmadyò, bagºy.
— Razy bolsaòyz bolýar, ýigitler.
— Senem razy bol, bagºy! Gezen ýeriòde sag gez.
Seniò bahaòy bizem-ä bilýädik welin, Gaýgysyzam hiç
kesden kem bilmeýän ekeni...— Ol meniò ýanyma
geldi-de, hoºlaºmak üçin elini uzatdy.
— ªäherde weýrançylyk köpmi?
— Adyny tutmasa-da, men bada-bat onuò Petrograd bilen gyzyklanýanyna düºündim.
— Azda-kände ýogam däl.
— Bolmandyr. Petr ýadygärligi, ºol bir durmy?
— Dur.
— ªükür. Piter-ä ºäherdir-le... “Barsaò döwran ötdi
diýgin daglara!» Ol meniò bilen gadyrly hoºlaºansoò
yzyna öwrülip, özgeleri hasaba alman, hatda olara
88
nazaryny-da aýlaman, eýerlenip getirilen, owadanlygy
ünsüòi çekýän atyna tarap ýöneldi.
Uzakly gije ses ýetimlik töwerekde ot ýakyºyp,
aýdym diòläp Dagymyò adamlary hem ºundan soò
bagºa minnetdarlyk bildiriºip ýola düºdüler.
Serhetçiler ugramak üçin bagºynyò ýüküni düýelere
uransoòlar, bizem olar bilen hoºlaºdyk.
***
Tejen derýasy keserip öòümizi kesen mahaly biz
birsalym atlaryò baºyny çekip, yòdarylyp akyp ýatan
derýanyò oýnuny synlap durduk. Onuò çep kenaryny
ýylgyn bilen goºulyºyp ösen gamyº tokaýlygy eýeläp
otyr. Tokaýyò gündogary baryp uzakdan çaòjaryp
görünýän gözýetime gysmyljyrasa, günortasy ýazylypýaýrap, heniz suw-sölüò hökümüne tabyn bolmadyk,
depesi gümmezekläp duran agajyò töweregine aýlanýar. Garagörnümlikde, derýanyò öòünden çykyp ony
çepe sowan belentligiò töwereginden bir ýerlerden haýsydyr bir guºuò sesi eºidilýär. Derýa ähli zady düýrläp
öòüne salyp gidiberjege meòzäp, düòderilip, hanasyny
dolduryp akyp ýatyr. Ony synlap dursaò, göwnüòe öz
duran hem birden çaýkanyp, derýa-nyò ºol hereketlerini gaýtalap ugraberjek ýaly bolup duýulýar.
Onuò tasanjyrap, adamsy bilen bir pasyllyk öýkeleºen
gelni ýatladyp, akyp barºy, meniò ýolda derýa bilen
hem-de onuò üstüne köpri gurduran hatyn bilen
baglanyºykly eºiden rowaýatymy ýadyma saldy.
...Birmahallar Saragtda baýlygyna ýer tapman ýören
dul hatyn bar eken.
89
Horasan patyºasy Soltan Söýüniò —Soltan Hüseýin
Baýkaranyò 1437-1505-nji ýyllardaky baº weziri Myralynyò — Alyºir Nowaýynyò maslahaty bilen Pendide
Murgabyò üstüne köpri gurdurypdyr.
Soltan Söýüniò gurduran daº köprüsi hakynda eºiden,
onda göwni bolan dul hatyn hem: “Bir wagt Soltan
Söýüniò ýoly düºüp, meniò köprimden geçer, köpri
onuò göwnünden turar, maòa ünsi düºer...» diýen tama
bilen pul döküp, Tejen derýasynyò üstüne köpri saldyrypdyr. Ol köprä “Pulhatyn» at galypdyr. Günlerde bir
gün, hakykatdanam, Soltan Söýüniò ýoly dul hatynyò
köprüsiniò üstünden düºüpdir. Onuò goºuny bilen gelýänini öòünden eºiden dul hatyn bezenip-beslenip gurduran köprüsiniò ýanynda onuò öòünden çykypdyr.
Soltan Söýün bezemen aýaly görüp, bu ýerde bir gep
barlygyny aòypdyr-da: “Bezenip çykdy geýip sarala
köýnek sowsany» diýip gapdaly bilen atyny sürüp
gelýän Myrala ýüzlenipdir. Dul hatynyò matlabyny
bada-bat aòan Myraly bolsa oòa: “Geçme namart
köprüsinden, goý, aparsyn sil seni» diýip maslahat
beripdir. Soltan Söýün öwrülipdir-de, atyny derýa salypdyr...
Aòyrdan Gererud bolup gelýän derýa serhetden
aºyp türkmenleriò hatynyò köprüsi hakynda eºiden
rowaýatym ýaly özüm üçin täzelik bolan ýene-de bir
zat eºiderin diýen tama bilen derýanyò iki atlylygy
bilen gyzyklanyp Hommatdan soradym:
— Derýa öòki adyny serhetden ýeòse-de goýup
gaýdyberýän eken-ow. Bu ýerde bir gep-ä bolmaly?
90
— Mümkin — Hommat ilki: “Men-ä näme sebäbiò
barlygyny bilemok» diýen manyda kibtini gysdy. Soòundanam nazaryny köpürjikläp akýan derýada jemläp
oýurgandy: — Bizde gyzlaryò hem çyn atlary, olar
durmuºa çykýançalar juda bir tutulybam ýörülmeýär.
Ýazbike bolsa oòa Bikge, Nurnabat bolsa Nurja diýilibem ýörlendir. “Gyzyò çyn adyny gelin bolansoò
gaýynlary tutar» diýäýýändir. Onsaòam türkmenler
özleriçe at dakmagy gowy görýärler. Gelinlerine-de soò
at dakýarlar.
Mary tekeleri Saragty mekan edinip ýaºan döwürleri bu ýer boº ýatan meýdan ekeni.
Hojamºükür han halkyna ºu ýeri ulanmagy, däne
künji, gawun-garpyz ekmegi maslahat beripdir. Hanyò
diýenini eden adamlar bu öwrede ekin ekip, hasyl alyp
özüni tutup gurplanypdyr. Emma gowºut hanyò diýenine gulak salan topar Hojamºüküriò syýasaty bilen
ylalyºmandyr.
— Hojamºükür han, sen bizi atdan düºürmekçi bolýaò.
Beýtseò biz ýere höwrügeris. Öz edermenligimizi-çaparmanlygymyzy unudarys. Nirä sürseò gidip ýören goýun
ýaly bir jandara öwrüleris, ºonuò üçinem biz atdan
düºmeris, atymyz dessimizde bolsa, egri gylyjymyz bilimizde bolsa aç ölmeris. Eýrany, Owgany, juda gyssansak gidip öz adybir türkmenmizi talarys — diýipdirler.
— Alamany goýuò, ilem degmeseò degýän däldir.
Degselerem soò görübiris! Siz gidip iliò ojagynyò baºyndan
ojak-baºysyny, çaga-çugasyny turzup alyp gaýdarsyòyz.
Olar uly döwletdir. “Oýun etse ogly, çynyrgatsa atasy
91
ýeòer» diýleni bolar. Eòkamy gaçan heleýleriniò deregine
gelip siziò horaz ýaly gyzlaryòyzy süýräp äkider. Sürünmedige sürnüp, baºymyzy oda gömmäliò. Yhlas etsek,
alamanyò berjegini ýer bize berer. Suw bolsa derýada
ýa-da siziò ýene-de degene-de degip, degmedige-de degip, Taklymekana gidesiòiz gelýärmi — diýip akyl
beripdir.
Gowºut han öz döwrüniò edermen-çaparman adamlarynyò biri bolupdyr. ªarlowukdaky Eýran goºunlar
bilen bolan söweºde hem Gowºut han edermen ýigitleriò biri hökmünde özüni tanadypdyr. Ol öwrülip
gelensoò, ºol söweºden özüne ýeten ähli oljasyny
Hojamºükür hanyò garºysyna harç edipdi.
Hojamºükür ylym-bilime ýakyn, pähimli adam bolupdyr. Onuò hanlyk süren ýyllarynda Gijen, Ak iºan,
Gez ahun ýaly adamlar birnäçe medrese gutaryp, ylymdan
paýyny alan adamlar köp bolupdyr. Il içindäki rowaýatlara görä, Gijen hatda öz tüýsüni üýtgetmegi
hem baºarypdyr. Bir ýola ol bäsdeºi Ak iºany synamakçy
bolup inere öwrülipdir-de, onuò ýoluna çöküp, ýatyberipdir.
Ak iºan öòünde keserip ýatan ineri synlap:
— Özüò-ä iner welin, gözüò-ä Gijeniòki — diýipdir.
Iki hanyò arasynda bäsdeºligiò gidýän döwri, kimdir biriniò biraz zyýan-zähmetliräk gyzy bir gije turup,
daga tarap gidipdir. Ol dagyò gowagynda Gijen öz
meslekdeºleri bilen wagtal-wagtal üýºüºer eken.
Amatly pursady Gowºut han ussatlyk bilen
Hojamºüküriò garºysyna ulanypdyr.
92
“Jemagat, gyz daga öz erkine giden däldir, ony ol
ýere elten güýç Gijeniò hem-de onuò meslekdeºleriniò
ters okan dogalarynyò jadysy bolmaly. Hojamºükür
olaryò arkasyny çalýar: “Bilimli-paýhasly adamlar iliò
gaýmagy, gözüniò ºuglasy» diýip wagz edýär. ªonuò
üçinem olar arkaýyn, edesi gelen zatlary edip tarhanlyk görkezýärler. Bu gün onuò gyzy giden bolsa, erte
meniò gyzym ºol gowakdan çykar, birigün gezek siziò
gyzlaryòyzyòky bolar...»
Namys duýgusy öwjan halkyò gazaby depesine
urupdyr. Olar baryp Hojamºüküriò oturan öýüni üstünden
göterip gaýdypdyrlar-da, ony getirip Gowºut hanyò
üstüne dikipdir. Ilinden öýkelän Hojamºükür “Gitme»
diýip ýanyna töwella gelenlere: “Iliò seniò göwnüòe
degse, onda ol ilden geçse-de bolar» diýip, ýene-de
gidipdir. Hywa hanyna agöýli bolupdyr. Onuò tiresiniò
adamlary bolsa ºol wagt Maryda oturan Saryk tiresiniò
ýaºululary bilen gepleºip, Murgabyò aýagujyna — Garaýaba göçüp barypdyrlar.
Bir amatly ýerde düºlemegi niýet edinip gelýänimiz
üçin biz derýanyò boýuny göwnümize oòaýlap atlarymyzdan düºdük.
Uzakly gije bagºy diòläp, gijäniò süýji ukusyny
duºdan geçirenimiz üçin biz juda ýadawdyk.
Galyberse-de, meniò közüò gyrasynda bir bölek
çöregi çöpe söýäp, ondan göterilýän ýakymly ysy alyp,
guruja oduna gaýnan çaýa ýanap iýesim gelýärdi.
Kelläme bolsa gum dykylan ýalydy, özi-de biraz agyrýardy, ol re iminiò bozulany üçin, menden ar alýan
93
bolmaly. Munuò ikinji sebäbi, o-da juda çaý içesimiò
gelenligi. Bu ýerde çaý biziòki ýaly hälki bir nahardan
soò içiläýýän suwuklyk däl. Oòa jan suwy diýäýseòem
bolýar.
Hommat atlary iltemäge alyp gitdi, men ot ýakmak
üçin, gury odunyò ugruna çykdym. Heniz tüòçe oda
goýulmanka ýaº-ýeleòler ýaly, onuò gaýnaryna howlugýaryn.
Çaý içilip, içlere ýyly çaýkalansoò, garynlar doýurylansoò, meniò ýanymy ýerden göteresim gelmedi. ªondan soò ýadawlyk basmarlap has-da duýduraýdy. Herimiz öz oturan ýerimizde kelleleriò aºagyna bir zat
goýup uklap galypdyrys.
Bir gözümi açsam gün ilerki alaòlaryò üstünden
aýagyna salypdyr. Indi ol tarapdaky köne gamyºlaryò
üýºmekleri hem günüò janagyryly gyzgylt ºöhleleri
düºüp, gyzgylt ýylgyn sypat bolupdyr. Her gün gijara
goly dolduryp ösýän, ot-çöpleriò, gül-gunçalaryò ýakymly
ysyny öòüne salyp sürüp geçýän ºam ºemaly ýene-de
meýdana ýaýrapdyr. Töwerekde, bir-birlerine süýkeniºip
oturan gamyºlaryò ygºyldysy, guº ganatlarynyò pasyrdysy peýda bolupdyr. Uzakly gün çöle ýaýran ýaz
otlarynyò arasynda gezen guºlar, indi topar-topar bolºup,
ganatlaryna bat berºip, biziò üstümizden oba bardyr
diýip çak edýän tarapymyza uçuºyp geçýän ekenler.
Töweregi, Hommadyò süýji uklap ýatyºyny biraz
oýaly-ukuly synlap oturamsoò, ýene-de, uka gitdim.
ªol günüò ertesi biz ir ertir Tejen obalaryndan
Mary bazaryna barýan bazarçylara duºup, ºolar bilen
94
goºulyºyp ýola düºdük. Köplük bolup ýol geçmek iki
baº bolandan has gowy ekeni. Onda-da Hommat ýaly
içini hümledip ýören soramasaò, gepläsi gelmeýän ýoldaº bilen. Häzir hiç zat diýmesem-de, syýahatymyz
gutaransoò men oòa oýunlyga salybam bolsa, “Häý,
zaluwat, juda lakgy ekeniò-ä» diýmekçi.
Adamlar gidip baryºlaryna birde Mary bazaryndaky
nyrha çak ursalar, ýene birde olaryò öò bir gezek
bazarda bolºuny, pirsiýan ussadan horaz ýaly owadan
kündük alºyny ýatlaýardy. Meni-de olar sorag berip,
Petrograd, Lenin hakynda gürledýärdiler. Meniò Leningraddaky öýümde W. I. Leniniò 1919-njy ýylda halka
ýüzlenip sözlän sözüniò plastinka ýazgysy bardy. Töweregimiò Wladimir Iliç bilen halys ýürekden gyzyklanýanyny görüp, men onuò gerek boljagyny ýatlap patefony bilen ýanyma almanyma diýseò gynandym. Eger
ol ýazgyny bu adamlara eºitdirip bilen bolanlygymda,
bularyò menden soraýan onlarça soraglaryna
W. I. Leniniò özüniò jogap berdigi bolardy.
...Gidip barýan, göwnüme bolsa men Guºga däl-de,
W. I. Leniniò ýanyna barýan ýaly. Göz öòümde Lenin
öz kabinetinde iºläp otyr...
Serdaryò Aºgabatda bina edilmeli ýadygärligi nähili
bolmaly diýen soragy özüme berip ugralym bäri men
hyýalymda häli-ºindi Lenin bilen duºuºýardym. Täze
proýekt hakyndaky öz pikirlerimi onuò göwnüne deòäp
görýärdim.
Wladimir Iliç maòa özümiò ºu zatlary aýdaýsa gerek
diýen pikirlerim bilen maslahatlar berýärdi. Bu bolsa
95
meniò oý-hyýalymyò täzeden gözleg salyp jümle-jahana ýaýramaklaryna sebäp bolýardy.
At üstünde dünýäni undup töweregiò synçysy bolup barºyma men ýene-de bir gezek W. I. Leniniò
huzuryna bardym...
Ýoldaºlarymyò sadalygyny, galyberse-de, olaryò çaga
ýaly soranjaòlygyny duýmak ýakymly. Olar meniò rus
obalarynda gören güzeran aladasy bilen gezip ýören,
uly ºäherleri, atly adamlary eºiden gürrüòleri boýunça
göz öòüne getirýän daýhanlaryma juda meòzeº. Bir
ýola çaýlaºmak üçin düºlän ýerimizde, men gyrarak
çekildim-de, çaý gaýnaýança bu ýoly soò-soòlaram
ýatlamak üçin ýoldaºlarymyò suratlaryny çekiºdirdim.
Hommadyò Atabaýewiò adamsydygyny eºidenlerinden
soò olar ony-da sorag berip, öz gününe goýmadylar.
Hommat birde Gaýgysyz Atabaýew bilen Hywa, Jüneýit
hanyò üstüne gepleºik geçirmäge gidiºlerini ýatlasa,
ýene birde onuò häzirki aladalary hakynda gürrüò
berýärdi. Olar käte eºidýän zatlaryna halys berliºip,
biziòem ýanlarynda barlygymyzy unudyp, bu gürrüòi
alyp göterýärdiler.
— Atabaýew ile gowulyk etjek bolup jan-a edýärmiº...
— Näbilýäò sen ony, oturan ýeriòden?
— Tejen ºäherindäki Halöwez diýen agsak adam
bardyr-a.
— Nas satýanmy, bazar jaýyò agzynda oturýan?
— Edil özi. ªol onuò ýanyna arza gidip geldi.
Paýlaºyk bolanda oba ºura oòa: “Agaò Eziz handa
bolupdyr» diýip, ýer bermändir. O-da gyzma adam.
96
ªeýdilip ýanaljagymy bilen bolsam, seniò ýalyny ýok
etmek üçin özümem ata çykardym — diýipdir. Oba
ºura-da alyp muny üç gün öz türmesinde aç-suwsuz
saklapdyr. O-da çykansoò göni Gaýgysyzyò ýanyna
arza gidipdir.
— Türkmeniò heleýiniòem öz iliniò agysyny aglajak, gadyryny biljek ogul dograny çyn bolsun-da hernä.
Ýogsam, bularyò birnäçesi enelerinden doglandan sen ol
ýerli, men bu ýerli diýip, tire saýrykdyryºyp ugraýarlar.
— ªeýdibem öz jürlerini özleri dikýä-dä bu pelitleriò. Bularyò arasynda häliden bäri gürrüòe goºulman,
bu diýilýän zatlardan habarly ýaly bolup oturan Atahan diýen bir ýigit bardy. Ol gürrüò gutaryberende
oturan ýerinde leòòer atyp egnine geýen gyrmyzy
donunyò ýakalaryny buýsanç bilen düzediºdirip dillendi.
— Gaýgysyz — ol biziò garyndaºdyr.
— Ol nirden seniò garyndaºyò? — diýip, Çary atly,
baºy ýapbaº telpekli Atabaýew bilen has gyzyklanan
adam bada-bat onuò ýüzüni aldy.
— Syçmazlardan, bizem syçmaz-da...
— Adybir bolmagyò mümkin...
— ªony diýýän-dä — diýip, hondan bärsi bolup
ulumsylyk bilen söze baºlan Atahan yza çekilip biraz
ýöwselledi.
— ªonam indi gaýdyp diýme! Birinjiden-ä, Atabaýew
Lenin agaò bolºewik raýatymyò adamsy. Bolºewik bolsa Orsa-Owgana hemmä deò göz bilen seretjek döwlet
diýlip tanalýar. Onsoòam dört öýli tiräò adyny tutan
97
bolup, iliò arzuw edip ýeten uly ogluny terekä salyp
bölüp kiçeltjek bolma! — diýip, ol Atahana esassyz
eýemsirenmäniò halanmajagyny mälim etdi.
Ýolagçylaryò ýene biri, kellesi göwresinden uly
görünýän, gabaklary gurbaganyòky ýaly ýellenip duran, gözleri möle, äm-sämräk bir ýigitdi. Bir gezek ol
albomyma ony-muny çekip güýmenip otyrkam, habarynyò bardygyny mälim edip, meniò ýanyma geldi.
Men onuò bir zat soramakçy bolýanyny, töweregine
garanyp, amat peýläp ýuwdunyp ugranyndan aòdym.
ªeýle-de bolsa, ol birbada öz bilesi gelen zadyny soramaga aýgyt edip bilmän, ýeòsämde durup, meniò albomyma çekýän suratym bilen gyzyklandy.
— Andreý aga, siz, ºükür, tüweleme, türkmençe-de
düºünýän bolup çykdyòyz. — Ol ahyrsoòy töweregine
garanjaklap, ogurlyk söz aýdýan ýaly bolup, özgeleriò
öz sözlerini eºitmegini islemeýänini mälim edip, ýuwaºja
dillendi:
— Azda-kände bilýän — diýip, men boýun aldym.
— Kelläme bir pikir geldi, men sizden ºony sorajak!
— Sora, sorajak zadyòy? — diýip men baºymy
göteren mahalymda onuò ýüzüniò ogurlykda tutulan
ýaly gyzaryp-bozaryp gidenini gördüm!
— Ol ýyl Tejeniò Mamuryndan biri Peterburgda
bolup geldi. Bizem ºoòa gözaýdyòa barypdyk. Berdi
papagam diýýändirler oòa, tanasaòyz, belki, tanaýansyòyzam, ol hem häzir Aºgabatda ýaºaýarmyº. Ana, ºol
gürrüò berdi. Ol ýerde gyz-gelinler ýumurtga ýaljak
98
akjamyº. Juda görmegeýmiºin, özleri-de halaºsalar, milletiòe seretmezden durmuºa çykarmyº, ºol dogrumy?
Görüp otursam, bu ýigit öý-iºik bolup bilmän, onuò
arzuwynda gezip ýören ekeni. Ol maòa soòundan ýeòseki
obalaryò birinden biri bilen guda boldum-boldum edilendigini, ýöne gyz öýlerine bir görip aýalyò baryp:
“Gyzyòyzy bir makawa berýäòiz...» diýip ýamanlandygyny, olaryòam ynanyp gudaçylykdan ýüz dönderendiklerini, ºol akýal heleý arany bozmadyk bolanlygynda, häzir özüniòem öýli-iºikli bolaýmalydygyny kemsinip gürrüò berdi.
— Seniòem nesibeli günüò bardyr. Gyzlar seò ýaly
ýigit tapsalar, keýpine äre bararlar — diýip, men ony
diòlämsoò, özümçe göwünlik berdim. Ol meniò gürrüòimden hoº boldy, hem ýanymdan gidensoò, göwün
ýüwürdip bir aýdyma hiòlendi.
Baýyò gyzy ºagalaòda ºaýlanar,
ªaýlanybam bir tarapa saýlanar...
Ýolda:
— Indi Dostalanam uzakda bolmaly däl, ýylgynly
öwlüýäden geçen ýeriò ºol bolmaly...
— Agºam çaýyny nesip bolsa Dostalana ýetip içeris
— diýen gürrüòi eºidip, Dostalan öòdäki obalaryò
birisiniò adydyr, ýogsa-da, köneden galan ºäherdir ýada galanyò ýeridir diýip pikir edipdir. ªonuò üçinem
men gijara gamyº tokaýlygynyò ortasyndaky açyklykda düºlän mahalymyz bu ýeri ºol “Dostalandyram»
öýtmändir. Biraz duzy artygrak düºen tagamly ýol
99
çorbasy iýlensoò, derçigip çaý içýän mahaly, maòa
eºitmek gyzykly bor diýen pikir bilen Çary Dostalan
hakyndaky öz bilýän hekaýatyny gürrüò berdi. Men
diòe ºondan soò özümiò “Dostalanda» oturanymy bildim.
...Biziò Tejenimizde Garalar diýen bir bölegimiz bar,
ana, ºolarda Atan atly bir edenli, ºahandaz ýigit bolupdyr. Onuò Garaýapda oturýan saryklaryò arasynda
Öwez atly bir janköýer dosty bar ekeni. Aýdyºlaryna
görä, olaryò ikisine-de Maºat zyndanyndan bir kürt
gaçyryp goýberenmiºin. ªol ýerde olar dost bolanmyºynlar.
Il-günlerine gowºanlaryndan soò hem iki dost häli-ºindi
Tejende, Maryda bolup bir-birleriniò halyndan habar
alºyp durupdyrlar.
Ýöne bir ýola ºu öwrede bir azgyn ýolbars peýda
bolupdyr-da, adamlara erºip ugrapdyr. Aýdyºlaryna
görä ýolbarsyò taýyny awçylar atyp öldüripdir. Ýolbars
ºundan soò adamzady duºman okunyp ugranmyº. Il
elheder alypdyr. Ýol kesilipdir. ªeýlelik bilen iki dostuò
arasy hem kesilipdir. Ol günler Öweziò gelniniò toýly
bolup ýören günleri ekeni. Öwez öòem bir ýola ýolbarsyò ugruna çykmakçy bolupdyr, ýöne aýaly aglapeòräp düºüpdir bir gara güne. Onsoò ýolbarsly meseläni
biraz soòa goýmaly bolupdyr. Ara biraz salym düºensoò
dostuny görmek höwesi ýene-de ony ata çykarypdyr.
Ol öýüne awa gidýän diýip, bir hepde, on güne ýeter
ýaly külçe ýapdyrypdyr-da, Pendä tarap çykyp gidipdir. Obadan arany açansoò bolsa ýene-de atynyò baºyny
yzyna öwrüpdir-de, niredesiò ýolbars eýelän ýol diýip,
100
basypdyr atyò sagrysyna jüp gamçyny. Burnuna ýel
alan at ony alyp göterilip ötägidipdir.
Atan hem ýolbarsyò dosty bilen arasyny kesenine
öz ýanyndan hym baglap ýören ekeni. Günleriò birinde o-da ineri münüp, hyrly tüpeòini öòüne kese
basyp, gylyjyny bilinden asyp, dembermez pyçagy
guºagyndan geçirip, ýolbarsyò üstüne gaýdypdyr.
Öwez aòyrdan gelende, ýolbars ýol üstünde, güneºe
meýmiräp sabyrlylyk bilen rysgalynyò gelerine garaºyp,
oýaly-ukuly irkilip ýatan ekeni.
Ýolbars diýeniò bir düºbi haýwan bolarmyº. Ol
atly-ýaragly gyzyl ot bolup gelýän adamy görüp, rejäniò geò däldigini, at üstünde oturanyòam gaýduwsyz
goç ýigitdigini aòypdyr.
Ol ýerinden turupdyr-da, ýoldan sowulmakçy bolup,
yzyna öwrülipdir. Ýöne Öweziò gyjalatly sesi ony yzyna dolanmaga mejbur edipdir.
— Näme how, ºir, guýrugyòy ýamzyòa gysaýdyò.
Ýa-da meni görüp, ºirdigiòi unutdyòmy. Ejize ganym
züwwetdin diýerler saòa. Gel, döwüºseò, men ºer isläp
geldim!
ªir gyjalat eºidip öwrülipdir-de, onuò üstüne gaýdypdyr. Öwez hyrlysyny okdan dolduryp, dikleºmeli bolanda ýolbarsyò agzyna berjek çep elini ýüp bilen daºyndan
telim gat sarap, dembermez jöwherini çemesi-ne alyp
aòyrdan birkemsiz taýynlanyp gelen ekeni. Öwez ýolbarsa golaý geliberende, onuò çat maòlaýyny nyºana
alyp, hyrlynyò gözüni boºadypdyr. Ýolbars hem Öweziò üstüne zyòyp, ony badyna aty bilen ýere ýazypdyr.
101
Atan pälwan bu ýere gelip ilki ýolbarsyò, kiçijik
köºegiò yzlaryna çalym berip duran yzlaryna gabat
gelipdir. Yzlary yzarlapdyr welin ol yzlar ony ýolbarsyò suwa inýän güzerine getiripdir. Atan pälwan
aòyrdan münüp gelen ýelmaýasyny ýeòseräk äkidip,
buky ýerde ýerleºdirensoò, ok ýaragyny taýynlap, ýolbarsyò geler ýoluny saklap ýatypdyr. Ýöne ýolbars
geler ýerde suw içmäge gelmändir. Bir ýola ol:
“Bä, janlarym, bu zaòòar meniò bu ýerde ýoluny
saklap ýatanymy duýaýdymykan, özün-ä ol ýaºulular
aýtmyºlaýyn, juda akylly jandar bolarmyº. Ýa-da onuò
baºga bir suwa inýän ýeri dagy barmykan?!...» diýip
içini gepledip otyrka, hol beýlede uýanyny süýräp,
agsaklap otlap ýören bir aty görüpdir. Golaý barsa ol
at tanyº, dosty Öweziò atymyº. Atan bir bolmasy iºiò
bolanyny duýup, urdurylyp jeòòele giripdir. Görse dosty
Öwez ýedi ýoluò üstünde ýolbarsyò aºagynda saòsar
bolup, özüni bilmän ýatanmyºyn. Ýolbars jan bermänkä, öz iki penjesini onuò egninden ýagºy geçiren
ekeni.
Atan ýolbarsyò agzyndan dostunyò beren elini
çykaransoò, onuò egninden ýolbarsyò penjelerini aýyrmaga synanyºypdyr. Ýöne bolmandyr. Ol ýolbarsyò
penjesini giòiºlikde aýyrmak üçin bir garyº beýlesinden
kesipdir-de, dostunyò demi barlygyna begenip, göterip
öz goºuna getiripdir. Ot ýakyp, pyçaklary gyzdyryp,
soòra olary gezek-gezegine penjelere basyberipdir. Birsalym ýygrylan penjeler gowºaºypdyr. Soòundan onuò
102
dyrnaklaryny pyçagyò kömegi bilen almak kyn
düºmändir.
Gürrüò ºu ýere ýetende, onuò soòuny jotdarak
gördümi nämemi, hälden bäri bir zat diýjek bolup
birki gezek çemelenip, ýöne gürrüòe goºulmanyò ugruny tapman, diýmäni goýbolsun eden Atahan hem bu
barada öz eºiden zadyny ýatlap, gürrüòe goºuldy.
— Öwez mergeni ºol ýerden Atan pälwan Tejene
alyp gaýdypdyr. Tebip çagyryp bir aý on gün bejeripdir. Ol tebip kempire Gaty mama diýlerdi. Özi-de ol
biziò obamyzdandy...
Gürrüòi agzyndan aldyran Çary oýurganyp oturºyna
onuò goºmaça gürrüòini diòlänsoò, “Hmm» diýip, halamazlyk bilen, “Çemini tapsa öwünjeg-ow bi zaluwat»
diýen äheòde baºyny ýaýkansoò, Atahanyò soòky gürrüòini diòläsi gelmän, turup köpçüligiò arasyna gitdi.
Öò bu ýere “Gara jeòòel» diýilýän ekeni, dostlar
ony ýolbarsyò elinden alansoò, bu ýeriò ady Dostalan
bolupdyr.
...Çary öz ýükli düýesini Hommat bilen deò ýanaºyk
sürüp barýar hem oòa eli bilen sözüni nygtap, nämedir
bir zady gyzygyp gürrüò berýär. Men olardan biraz
ýeòsede, atymy howlukdyrman, öz maýdalyna sürüp
barýaryn. Çary durmuºy saldarlap görmegi, onuò agynyò akdygyny, garasynyò garadygyny aòýan hem ne
sebäpden bu zatlaryò beýle bolýandygynyò sebäbini
gözleýän adama meòzeýär. ªonuò üçinem ol özgelere
seredeniòde inçe hem manyly. ªeýle adamlar hemiºe
ynjyk we nägile bolguç bolýarlar. Hut onuò ýaòy
103
Atahan geplänsoò çytylyp turup gibermegi-de ýöne
ýerden däl, bu onuò özüne düºünilmäni üçin, hem
Atahanyò gepiò manysyna düºünjek bolman, gaýta
onuò janyndan syzdyryp beren gürrüòiniò üsti bilen
öwünmäge synanmagyna kejikmesidigi belli zat.
Atahan bu gürrüòiò halk içinde agyz-dil birligini
tewsirleýänine düºünip: “Iki dostuò arasyna düºeni Atan
pälwan bilen Öweziò ediºi ýaly edäýmelidir» diýen
bolsa, ol Atahandan juda minnetdar bolardy. Ýöne
beýle adamlara ýarym sözden düºünip duran gürrüòdeº
tapmak hemiºe-de kyn bolýar.
Mary obalarynyò çetinden gelip giren mahalymyz
gije bireýýäm ýarymdan agypdy, asmany ýyldyzlar
eýeläpdi. Özi-de maòa Gündogardan özge hiç ýerde
duºmadyk altyn bölegi ýaly nazary ýiti ýyldyzlar.
Göwnüme bolsa Günorta gitdigimçe ol ýyldyzlar has
ýitelip görmegeý bolýana meòzeýär. Häzir ol ýyldyzgözler garaòkynyò howlusynda oturan Maryny ýokardan synlaºyp, köreºip, arzuw-hyýal bolºup otyrlar.
***
Mary ºäheri, Murgap derýasynyò iki egnini eýeläp
otyr. Ol bir-birlerine ýelmeºdirilip diýen ýaly salnan
palçyk jaýlardan hem-de rus administrasiýasynyò bu
ýere gelmegi bilen peýda bolan sünnälenip gurlan biºen
kerpiçden emele gelen ymaratlardan ybarat. Biziò ýerleºen
ýerimiz hem hut ruslar bilen baglanyºykly bina edilen,
hem-de häzire bu güne çenli “Slawýan myhmanhanasy» ady bilen tanalýan, birwagt arzyly adamlaryò
104
gelip düºläp geçýän ýeri bolupdyr. Ol daºy adam boýy
edilip gurlan beýik howlynyò ortasynda, Peterburgdaky
ilkinji dörän boýar jaýlaryna meòzäp otyr. Howlynyò
üç ýüzünden hatar edilip ekilen senuber, ýolka agaçlary
gök salºyp, güwün götöriji bolºup otyrlar. Gezelenç
etmek üçin niýetlenen köçejiklere gyzyl daºsypat kerpiçler yhlas bilen düºelipdir.
Geçen asyryò ahyrlarynda beýik knýazlaryò haýsydyr birisi böwrek keseli bilen kesellän wagtynda wraçlar
oòa Mara gitmegi maslahat beripdirler.
Ilkinji Peterburgdan iberilen ýörite in enerler gelip,
Murgabyò töweregindäki ýerler bilen gyzyklanypdyrlar. Baýramalyda in ener Ýermolowyò ýolbaºçylygynda
beýik knýaz üçin sanatoriýanyò gurluºygyna giriºilipdir.
Ýöne beýik knýaz gurluºyk gutarmanka, ºol keselinden
ölüpdir. “Slawýan myhmanhanasy-da» beýik knýazyò
Mary topragyna geljekligi mynasibetli, ony mynasyp
derejede garºy almak üçin gurlan ymaratlaryò biri
bolupdyr.
Mary türkmenleri rus raýatlygyna, özara içki
garºylykly pikirleriò bolanlygyna seretmezden, parahatçylyk ýoly bilen birigipdir.
Nurberdi hanyò dul aýaly Güljemal hanyò maslahatyny unan il agalary rus goºunlary gelende, ony
ºäheriò çetine çykyp, duz-çörek bilen garºylapdyr.
Ulamalaryò öòünde duran adam general Roberga
türkmen nanyny uzudyp:
— Uly döwletiò hormatly generaly, goý, bu çörek
size öz ýurduò çöregini ýatlatsyn. Siz ol çöregi ýatla105
saòyz iliòiz göz öòüne geler, iliòe sarpa goýmagy
baºarýan bolsaòyz, siz onda meniò halkyma-da hormat
goýmagy baºarsyòyz. ªeýle bolsun-da ylaýym — diýipdir.
General ol adamyò näme diýjek bolýanyna ºol
wagt juda bir üns bermedigem bolsa, öòünden ilki
çykan marylynyò rus dilinde gürlemegine ol begenipdir. Bu il bilen düºüniºip boljagyny öz ýanyndan yrym
edipdir.
General Robergiò öòünden çykan ol türkmen birnäçe
dilden habarly bolan molla Töre ahun ekeni. Patyºa
hem öz gezeginde Mary türkmenleriniò baºynda durup
döwletli maslahata gelen Güljemal hany 1884-nji ýylda
Peterburga çagyryp, oòa halat serpaý ýapypdyr, 15000
manat pul sylagyny gowºurypdyr. ªol ýylyò 4-nji
fewralynda onuò ogly Ýusup hana milisiýanyò kapitany çini berlipdir.
Merw, Margiana, Maru-ªahu-Jahan — bu atlar
türkmenler bilen gyzyklanyp ugralym, kitap sahypalarynda telim bir gezekler maòa duºupdy. Häli-ºindi
onuò gady-mylygy hakynda oýlanýanym üçin, görmezimden öò men ony agyn metjit-de-minara bolup oturan ºäher hökmünde göz öòüne getirýärdim. Ol bolsa,
tersine, ýaòyrak obalykdan saýlanyp, ºähere öwrülip
ugran ºäherjige çalym edýär.
...Mifiki patyºa Tahumurt ºäheriò düýbüni tutan
diýlip çak edilýär. Bihustun gaýasyna oýulyp ýazylan
ýazgylarda syýahatçylar Merwi “Gowulyklar ºäheri»
diýip atlandyrypdyr. Wagt ummanyndan özboluºly ada
106
bolup oturan bu ºäher döräli bäri ençeme gezek elden
ele geçipdir.
Biziò eramyzdan öò 330-njy ýyllarda Aleksandr
Makedonskiniò goºunlary bu ºäheri eýeläpdir. Gala
gurduryp, onuò öz döwleti ýaly dünýäde baky durjagyna ynanyp, Aleksandriýa diýip atlandyrypdyrlar. Beýleki bir asyrda ol ýokary göterilen Baktriýanyò ºäherleriniò birine öwrülse, ýeneki bir asyrda Parfiýa döwletiniò atly ºäherleriniò biri bolupdyr. Biziò eramyzyò
III asyrynda Merwi Eýranyò sasanidler patyºalygy
basyp alyp, ençeme asyr ony öz elinde saklapdyr. Mary
VI-VII asyrlarda Otparazlaryò ýurduna öwrülýär. ªol
wagtyò özünde bolsa bu ºäherde hristian ybadathanasy,
Budda buthanasy hem bolupdyr. Ol 750-nji ýylda
araplaryò eline geçeninden soò Abbasidler döwründe
diýseò gülläp ösüpdir. Halif Al-Mamunyò özi-de birnäçe
wagtlap bu ýerde bolup gidipdir. Onuò üzümleriniò,
mele myssyk nanynyò, “kandyr», “abhama» atly seriòi
dumanladýan içgileriniò hözirini görüpdir. Marynyò
“Mulkam», “Kazin» atly ýüpek matalary Gündogary
aòk edipdir. Bu matalardan geýim geýnen hanymlar
howalanyºyp Bagdat köçelerine görk bolºup gezipdirler.
ªol wagt Marynyò ady “ªahy-Jahan» ekeni. Bu bolsa
“Jahanyò ºasy» diýmekdir. ªol döwrüò syýahatçylarynyò
biri bolan arap geografiýaçysy Al Mukaddaly Hewekde
hem bu ýerde bolup, Mary hakynda ýazgy galdyranlaryò biridir. Mary ªahy-Jahan ady bilen meºhur Mary
päkize, howasy jana ýakymly, ajap, giò, az ilatly ösýän
ºäher, onuò iýmiti datly, arassa jaýlar owadanlyklary
107
boýunça ºäheriò iki gyrasyna çekilen keºdä çalym
edýär. ªyhlary gowy, olar akylly baºly adamlar,
Metjitleriniò ikisi hem kerpiçden Medresede sapak berýän
her bir adamyò aýlygy bar. Bazarlary owadan, ýokarky
metjidiò ýanyndaky hatarlaryò töweregi gyslyºyk. Ol
ýerde asylly dinastiýany döredeijiniò portigi bolan ajaýyp
köºk bar. Sen Marynyò hammamlaryny, harisini (et,
bugdaý, ýarma biºirilýär) çöregini, adamlarynyò akyl
paýhasyny, mertltgini sorama! Sebäbi bular onsuzam
belli zatlar. Ýöne sen olaryò suwuny, gazançlaryny sora,
sebäbi olar ýeterlik däl...
Häzirki Mary Al-Mukaddaly Hewekdäniò gürrüòini
beren Mary ªah-jahanyna meòzemeýär. Bu ýerde ol
diýilýän kaºaò metjitler-de ýok halif emeldarynyò köºgide. Olar wagt labyrynyò teýinde galyp, ýatdan çykyºyp
ýitip gidipdir.
...ªeýle-de biziò gelen Marymyz köne Merw däl
ekeni. Köne Mary bu ýerden 20-25 kilometrlikde Baýramalynyò töwereklerinde bir ýerdemiº...
***
Meniò ömrümde gören, iò ajapýyp zatlarymyò birisi, o-da türkmen halylarydyr. Halyny bu ýerde ºeýle
bir yhlas bilen dokaýarlar welin, adaty tarlar özleriniò
jadyly ýürek tarlaryna öwrülip gidenlerini hem duýman galýarlar. Bu halylaryò öòünde men olaryò göllerini çitimleriò özara içki sazlaºygyny synlap köp
durdum. Aºgabat bazarynda türkmenler öz gelingyzlarynyò dokan halylaryny hatara edip ýazýarlar
108
welin, olary görmäge göz gerek. Ol halylary synlan
mahalyò seniò kelläòe “Eger biziò Tretýakowymyz
ýaly mümkinçiligi islegi bilen gabat gelýän bir barly
adam wagtynda bu halylar bilen gyzyklanan bolsa-da,
onda ol bulardan, heniz görlüp-eºidilmedik ajaýyp muzeýi
dörederdi» di-ýen pikir gelýärdi.
Bir ýola men bazarda uly halyny ýazyp, onuò
birýan gyrasynda aýbogdaºyny gurup oturan adamdan,
onuò gep-gürrüòe höwesekliginden peýdalanyp, halylar
hakynda soraºdyryp oturdym. Ol maòa halylar hakynda öz bilýän zatlarynyò birnäçesini aýdyºdyrdy.
— Türkmen aga gadymyýetde gonup-göçüp ýören
halklaryò biri bolupdyr. Ana, onuò öýüne seret, iki
är-heleý bolup birsalymdan ýygnap düzäýmelidir.
Halkyò göçmegine bolsa hemiºe diòe bir ýaz, güýz
diýen ýaly pasyllar sebäp bolup durmandyr. Köplenç, onuò göçüp-gonmagyna ýer-ýurt dawalary sebäp bolupdyr.
Bir ýola keseki basybalyjylary Türkmen aganyò
üstüne agyr ýygyn çekip gelipdir. Halkyò taryhyna uly
howp abanypdyr. ªonda iliò akylly-baºly adamlary:
“Taryzymyzy ertire galdyryp bilsek, ol biziò hem galdygymyz bolar. Biziò ýalyny ýazylganlyga çykylsa türkmeniò heleýleri ýene-de dogyr, taryhymyz ýitse welin,
ol biziò atsyz-sorsuz ýitdigimiz bolar” diýºipdirler. ªonda
oturanlaryò biri ol taryhy eýlenen derileò ýüzüne
ýazyp, äkidibem dag gowagynda gizlemegi maslahat
beripdir. Ussa iberip, dag daºlarynyò ýüzüne çapyp
ýazgy etmegi maslahat beren hem tapylypdyr. Ýöne
109
halyly gürrüò orta atylýança ol berlen maslahatlaryò
hiç birisi köpüò göwnüne jaý bolmandyr. Oturanlaryò
biri, türkmeniò taryhyny ºertli alamatlara öwrüp, her
ýeten oòa düºünmez ýaly edip, hala çitmegi maslahat
beripdir. ªeýdilse, bu taryhy ýene-de türkmeniò bagtly
döwlet boljak, iliò aòly ogullarynyò bolsa öz taryhlaryny
hiç kimden çekinmän okamaga mümkinçiligi boljak
wagta çenli saklap boljagyny aýdypdyr.
...Garry enem pahyram wagtal-wagtal halyny sypalap-sypalap: “Bu düºek däldir, balam, ata-babanyò akylpaýhasy, gylyk-häsiýeti, onuò tugudyr» diýip, gürrüò
bererdi...
Göräýmäge sada, hut dünýäniò özi ýaly hiç zadada ºeýle bir parh goýup barmaýan, golaýlaºdygyòça
bolsa çuòlaºýan halka men özümiò hormatymyò barha
artýandygyny duýýaryn.
Çuòlugyndan ýaòa düýbi görünmeýän, häzirki
döwürde hem akyl ýetirerden aòyrda galýan, halkyò
juda yhlas siòdiren zatlarynyò biri-de, onuò ajaýyp
halylarydygyna gözümi ýetirdim.
Türkmen obalarynyò käbirisinde haly dokamaga
ºeýle bir ezber gyzlar barmyºyn welin, olary durmuºa
çykmaly bolanda hem özi bilen ussatlygynyò syryny
baºga ýere alyp gitmezligi üçin, ony aòsat öz obasyndan çykarmazmyºlar. Ýazsoltan atly gyz bilen hem hut
ºeýle bolupdyr. ...Öz obasynda Ýazsoltanyò dokan halylary özge halylardan tapawutlanýan ekeni. Uly bazarlardahem onuò halylarynyò nyrhy ýokarymyº. Ýazsoltan
ýaºlykda goòºy obalarda, daýy ugurlaryndan bir ýigit
110
bilen adagly edilipdir. Ýöne oba kethudalary Ýazsoltanyò baºga oba gidýänligini eºidip, ony obasynda
galdyrmagy makul bilipdirler. Onuò ata-enesini raýyndan gaýtarmaga, Ýazsoltany oba ýigitleriniò birisine
durmuºa çykarmaga synanyºyk edipdirler.
Ýöne Ýazsoltanyò hossarlary onuò adaglydygyny
aýdyp, obadaºlarynyò maslahatyny diòlemek hem
islemändir. Iò ahyrda olaryò öýüne, öz ýanyndan hiç
ýerde sözi ýykylar öýdüp pikir etmeýän Döwletmyrat
söwdagär barypdyr. Ol-da bu ýerde özünden öò gelenleriò eºiden sözlerini eºidipdir. Döwletmyrat ol ýerden
gaýdanda gazaplanyp:
“Siz-ä gyzyòyzy öz oglanlarymyza birine bermejek
boluò, bizem aljak bolaly, hany göreli, kimiò diýeni
bolýarka» diýipdir.
Ol ºol gije oba ýigitlerini hem bir bahana bilen
öýüne toplap, olara igenmek baryny igenipdir. “...Siz bir
ýigit ºekilli ýigit bolanyòyzda, ºol gyz ýat oba gidermidi? Aý, pederne nälet, zaòòarlar. Haýsyò ºonuò göwnüni bölüp bilseò, soòundan toýuò çykdajysyny, ene-atasy
bilen oòuºdyrmagy men öz üstüme alýan» diýip, ýigitleriò ýüregini ýerinden gozgapdyr. ªonuò arasynda
Ýazguly atly bir ýigit bar ekeni. Deò-duºlary dargaºansoò
ol yza galypdyr-da, Döwletmyrat söwdagäre Ýazsoltan
bilen öz aralarynda bir-birlerine bolan meýliò bardygyny, ýöne adaglanmagyò bir jan, bir ten bolmaga ýol
bermeýänligini, galyberse-de öýlenjek ýigidiòem özünden
kem ýigit däldigini, telim gezek ol ýigidi görendigini
aýdypdyr. ...Döwletmyrat söwdagär goòºy obadan Ýazsol111
tanyò gelnaljysynyò gelen güni ol ýerdäki aýallaryò
biriniò göwnüni tapypdyr-da, ony öz pikirine “hä»
diýdiripdir. Gelnaljy kerwen Ýazsoltany alyp obadan
saýlanansoò, ýaòky aýal bir bahana bilen üsti gelinli
kejebäni belleºilen ýerde çökeripdir. Ýazsoltan bahana
bilen gapdaldaky gamyºlyga giren dessine ony Ýazguly
atyò ardyna alypdyr. Onuò deregine bolsa Döwletmyrat söwdagär öz gyzyny mündürip goýberipdir...
Haly dokamaga ezberiò biri-de, ºäher etegindäki
obalaryò birinde ýaºaýan Mährijemal atly gelin ekeni.
Men onuò W. I. Leniniò portretini hala dokanyny
Mara gelip eºitdim. Gören-eºidenden soraºdyryp, ol haly
bilen diýseò gyzyklanypdym. Meniò bu gyzyklanmam
birki günden Hommat ikimiziò ol halyny görmek höwesi
bilen atlanmagymyza sebäp boldy.
Biz bärden salgyny alyp baran mahalymyz, gapdaldaky iki ýanaºyk oturan öýleriò çep tarapdakysyndan darak sesi eºidilýärdi. Men öz ýanymdan darak
sesinden çen tutup, bolup bilse bu Mährijemalyò öýüdir
diýip oýlandym.
Öý eýesi ýaºuly bilen biziò geljegimizi eºidip, bu
ýere gelip garaºyp oturan oba ºura baºlygy bizi atdan
düºürip myhmanlady. Soòundan ol halynyò Mährijemalyò öz bolýan öýünde asylgy duranyny aýdyp,
turup biziò ýanymyzdan gidip, ony bu ýere alyp
gelmekçi boldy.
— Näme, ol uzakdamy?
— Aý, ýok. — ªura baºlygy meniò soragyma eºidip, gapynyò öòünde aýak çekip, biziò ýüzümize seretdi.
112
— Onda özümiz baryp göräýeliò! — diýip, Hommat meniò pikirimi anyklaºdyryp özüçe gaýtalady.
Öý eýesi ýaºuly-da baº atyp, biziò pikirimizi makullady. Ol soòra çaý-nahar getirip, häli-ºindi gapyda
peýda bolýan gyzjagazy çagyryp aldy-da: “Oglum, biz
häzir orus adam bilen siziò dokmaòyzy görmäge barýas, aýt gelnejeòe-de» diýip goýberdi.
Ýaºuly bizi yzyna düºürip henizem darak sesi gelýän öýüò gapysynyò bäri ýanragynda aýak çekip,
birki ýola ardynjyrady. Diòe ºondan soò içerde darak
sesi galdy. Yzysüre-de ol öýden bir baºy börükli zenan
maºgala çykdy-da, bize tarap öwrülip eglip sessiz salam
berensoò, gapdala sowlup ýöräp gitdi. Ol ºol Mährijemal atly gelniò özi ekeni. Türkmenlerde gaýyn atalar
aòsat gelni oturan öýe girmeýär. Gelinlerem ºeýle,
gaýyn atalar bilen gaýyn eneleriniò ýa-da ýaº çagalaryò üsti bilen gepleºýärler. Diòe nalaç ýagdaýlarda
olar aralyga tuty tutup, bir öýi bölüºip ýaºaýarlar.
Içerde ak saç garry aýal bilen bize çaý daºan gyzjagaz
bar ekeni. Dokma ýaòyrak baºlanypdyr, darakdan ýeòsede
salyr göli salnan pendi halysynyò bir bölegi peýda
bolupdyr. Ondan bärsi özüniò tar-tar bolup duran
görnüºi bilen köp tarly arfa meòzeýär. Biz haýyº
edenimizden soò gapdalda oturan bili ala ýüò guºak
bilen guºalan dolmuº aýal dokma baºyna geçdi-de,
eriºleri sazlaºdyryp, darak kakyp, halynyò dokalyºyny
görkezdi.
Wladimir Iliçiò haly-portreti germe çuwalyò ýokarsynda asylgy duran ekeni. Leniniò elleri jübüsinde, baºynda
113
bolsa ºol belli papagy, töwereginde hiç kim ýok-da
bolsa onuò öòe ümzük atyp durºy, häzir kimdir biri
bilen gürleºip durana çalym edýär. Men birsalym haly
portreti synlap duranymdan soò, ol görünmeýän
gürrüòdeºiniò hut Mährijemaldygyny duýdum. Gör,
aziýaly sada zenan bu halyny dokan mahalynda nähili
duýgulary baºyndan geçirendir. Pikirinde Serdar bilen,
nijembir sorag-jogap alºandyr. Men Mährijemalyò portret halysynyò öòünde durkam, bu halynyò adaty bir
el iºi däldigine, onuò gündogar zenanlarynyò rewolýusiýanyò sesine goºan özboluºly sesidigine, W. I. Lenine
minnetdarlykdygyna düºündim.
Rus adamsy hökmünde, Russiýadan uzakdan türkmen öýünde Serdar bilen duºuºmak meniò üçin diýseò
ýakymly boldy. Minnetdarlyk, buýsanç duýgularyndan
dolan gursagym meni al-asmana ýetirdi. Eºidip otursam, bizden baºga-da bu ýere gelip haly-portretini
synlap gaýdýän az däl ekeni. Oba ºura baºlygy biz
portreti synlaýan wagtymyz, birki aýlykda Atabaýewiò
hem, iki ýüzli haly dokan Abdyryzak bilen gelip, bu
halyny synlap gidenini ýatlady.
Men bir amat bolanda ýat adama mahsus bilesigelijilik
bilen özümiò niredendigimi, töweregi nämeleriò
gurºandygyny bilmek üçin, öýüò içini synladym.
Dokma töri eýeläp durany üçin, öý daryºganlyk
bolup görünýär. Her gezek türkmen öýüne girenimizde,
ilki synym düºýän at nalyna meòzedilip palçykdan
oòarylan ojak, öýüò içinde bölejik bolup otyr. Gerek
wagty aýlamak üçin iki sany çaýjoºy onuò közüne
114
sokup goýupdyrlar. Içerde ýylgyn odunyò hem-de çöpe
ýanalyp, köze tutulyp iýlen nanyò ýakymly ysy bar.
Ojagyò agzynda bolsa bir gysym, ýarsy ýanyp gutaran
gyzyl ýylgyn zire-zire bolup, kesilen at guýrugyny
ýatladyp ýatyr.
Atlanyºyp ugran mahalymyz ýene-de haly dokalýan öýden at toýnaklarynyò güpürdisine meòzeº sazlaºykly
kakylýan darak sesleri eºidilip baºlandy.
***
Ukudan oýanan mahalym jahan ýagºy ýagtylan
ekeni. Baglar haýsydyr bir jadyly mazurkany eºidip,
tansa çagyrylmaklaryny tüýs ýürekden isleýän gelinlere
meòzeºip eýeleºip durlar. Jaýlaryò gabawunda duran
meýdançada semewar tüsseläp dur. Onuò beýleräginde
biziò düýnki baºynda oturup agºamlyk edinen stolumyz bar. Bu görnüº uly ºäherleriò etegindäki, tokaý
gabawunda oturan rus tebigatyna mahsus daçalaryò
haýsydyr birisini meniò ýadyma salýar. Myhmanhananyò gözegçisi Paýzulla eke turupdyr, ol boýuna ak
polotensa asyp, ýaòyrak çaýkaºdyran käsedir-çäýneklerini süpüriºdirip, hemiºe irginsizlik bilen aýdýan aýdymyna hiòlenip ýör. Özi-de bu aýdym ºeýle bir uzak
welin, ony Paýzulla eke her gün semewara ot goýbereninden tä, çaý gaýnap ony öòümize alýançak ºol bir
hörpde birsydyrgyn aýdýar.
Mundan barsaò Horezminge,
Ekemlerge salom aýdyò.
Mundan barsaò Horazminge,
Ükemlerge salom aýdyò...
115
Hommat töwerekde görnenok. Ony ýene-de bir iº
bilen yzyndan gelip alyp giden bolsalar gerek. Häli-ºindi
onuò yzyndan adam gelýär. Howlyò içinde gezmeleºiºip
maslahat edýärler. Kämahallar bolsa maslahatdan soò,
onuò özi-de yzyndan gelen adamlar bilen goºulyºyp atlanyp gidýär. Maòa ýoldaº bolmakdanam baºga oòa ol-bi
iºler tabºyrylan borly. Öwrülip yzyna gelen mahaly ol
üst-baºyna kirºen basdyryp, uzakly gün egni bilen çägeli
haltalary daºana meòzäp, ýadaw halda dolanýar.
Men onuò yzyndan gelen adamlar bilen edýän
gürrüòleriniò özüme degiºli däldigini bilýärin. ªonuò
üçinem ne onuò ýanyna gelýänler bilen gyzyklanýan,
ne-de giden ýeri bilen.
Hommat bir iº bilen giden mahaly howluda Paýzulla eke ikimiz galýarys. Ondan-mundan gürrüò ediºip
oturýarys. Käte ol meniò töweregi albomyma çekýänimi görüp, ýeòsämden gelip synlardy. Meniò çekýän
zadym bilen suraty deòeºdirip: “Orus eke, size Allatagalla tarapyndan berlipdir, edil özi-dä, tüýs özi-dä»
diýip geò galardy. Onuò bilen ondan-mundan mesawy
gürrüòler ediºer oturardyk.
Birki günlükde ol ºeýle gürrüòçilik mahaly Hywada
bir baýyò talabany bolan günlerini ýatlap, maòa öz
baºyndan geçirmelerini gürrüò berip oturdy.
— Ol günler men ýaºdym. — Bu sözi aýdan
mahaly onuò ýüzi nurlandy. — Gujur-gaýratymam
kändi. Her naharyma bütin ýarty nan bilen bir kersen
aýran iýerdim. Telim ýyllap palçyk depgiläp, pagsa
urup, Kaýseddin baýyò öýüniò töweregine gala galdyrdym.
116
Bar diýlen wagty guma çykdym, goýun gyrkdym, baý
ekemiò mallaryna serediºdim. Goýun gyrkmany ilkiler
oòly oòarmazdym. Maòa muny baý ekemiò özleri
öwretdiler. Baý ekem sarpaly, sarpasyny özgelere hem
derejede tutdurmagy oòarýan adamdy. Gaty-gaýrym
söz agzyndan çykmaýanam bolsa, töwerek ondan eýmenerdi. Öýde ähli edilen iº onuò göwnüne deòelip edilerdi. Baý ekem meniò, ana, ºeýleräk adamdy. Hatda ol
käte juma namazyna metjide gidende hem meni hormatlap, öz ýany bilen alyp giderdi. Men ol namaz
okap çykýança, onuò atyny saklap durardym. Her
gezek namazy gutaryp gelensoò, ol maòa: “Ükem, gowy
dogalary okap, size-de Allatagalanyò pygamberlerinden
bagt arzuw edendirin» diýip, meni
begendirýärdi.
Metjitde ýatlananym üçin, men oòa diýseò minnetdar
bolardym. Ýöne günleriò birinde ol görgüli sarç atdan
ýykylyp, özüniò garraºan süòklerini gatyja agyrdypdy.
ªundan soò ýykylanyny görüp, hemiºe adamzadyò döºtöwereginde dürli dertlere öwrüliºip, amat peýläp ýören
ezraýyl ºeýtanlary nädersiò onuò üstüne hüwmek bolaýsalar... Ekemiò ýeòsesiniò ýerden galmajagy, ezraýyl
ºeýtanlarynyò ony talap gutarjagy, belli boldy. ªundan
soò onuò heleýleri-de özlerini erkin duýºup ugradylar...
Onuò geçen ýyl Ürgençden getiren kiçi aýaly Mislime
hon (Onuò aýallarynyò arasynda has ýaºy hem görmegeýidi). Ýaº bolsaò özüòe belli, geýeniò-ä egniòe geliºýär,
diýeniòem diliòe. Bir ýola Mislime honuò zenanlyk
joºguny basalyk isläp meniò islegim bilen goºulyºdy.
117
Meniòem diýen wagtym, heý, zenan göwnüne ýaramajak gümanym barmy!
Birsalym biz wagtal-wagtal pynhan ýerlerde duºuºyp,
hiç zat hakynda oýlanman ýaºadyk. Aòylanymyzy
aòan günümiz bolsa obadan çykyp gaçmak bilen bolduk. Meniò bilen gidermiò diýsem, Mislime hon-da:
— Siz birzat diýseòiz, biz ýok diýýäsmi — diýdi.
Assa gaçan namart diýdik-de, yzymyzdan ýetilse ºol
ýerde ºehit bolmaga razy bolup gaçdyk.
Mislime hon bilen jany howpsuz ýere atmak üçin,
telim gün ýol ýöredik. Meýdanlarda ýatyp-turduk. Meniò
ellerim Mislime honuò baºyna ýassyk boldy, gujagym
düºek. Howsalalydyk, bir garny aç-bir garny dokduk,
ýöne biz bagtlydyk. Ilkibaºda Mislime hon uzak ýola
çydamaz öýdüpdim. Heleý halkynyò jany piºigiò jany
ýaly berk bor ekeni. Ýöreý, ýöreý, ahyry Çärjewe
ýetdik...
Gürrüò ºu ýere ýetende, Paýzulla eke baºyny asdy-da,
ýakymsyz bir habar aýtjagyny ilki ýüzünde mälim edip,
böwrüne diò saldy, soòundanam wakanyò yzyny göwünli-göwünsiz ýatlady.
— Oòa-muòa talaban bolup ýaºap ugradyk. Iki-üç
ýyldanam boldy bir açlyk, ol biz ýaly garybyò-ha
bada-bat derdi boldy, barly adamlaryò hem baýlygyna
leòòer berdi. Adamlar açlykdan çiºip öldüler. ªonda
biziòem üç ýaºlyja gyzjagazymyz Gülaýym hon ajyndan öldi. Gözümiò öòünden gidenok, ol görmegeýje
uzyn saçlyja, durºy bilen dil bolup duran bir janajykdy.
118
Meng aýdym hiòlenerdim. Ol bolsa tans eden bolup,
biziò göwnümizi alardy.
Bozarga baraly, kyzym,
Baºdarak aloly, kyzym,
Saçlaryò kirlän bolsa,
Ýuwup daraly, kyzym.
...O-da ºeýdip gitdi. Mislime honuò hem akyly üýtgän ýaly boldy. Soòra onuò meniò bilen seri bolmady.
Bir ýola ol ertir bazara gidiºinden, giçligem dolanyp
gelmedi. ªol günüò ertesem, görüp otursam, ol ürgençli
halwa satan bilen tanºyp, onuò bilen göterilip giden
ekeni...
Ine, menem ºeýtdtim-de galyberdim.
Paýzulla ekäniò heòine diò salyp durkam düýn-öòòinki gürrüòini ýene-de bir gezek ýadyma saldym. Daºarynyò
howasy arassa hem hoºtap ekeni. Birki gezek kükregimi
dolduryp dem alanymdan soò, agyr bir agramlygy depäme
göterýän ýaly, ellerimiò ýumry etlerini gataldyp, öz
hereketlerimden lezzet alma bilen gerindim.
— Orus eke, ukyòyzny ýagºy aldyòyzlarmy!
— Ukynyò algy-bergisi-hä indi birýüzli ediläýdäm
öýdän.
— Ýüzüòiz nurly, ol ýerde çekiliºip ynjalykdan
gaçyp duran damar ýok. Nazaryòyzam argyn kiºiò
nazary däl, parahat. Ukyòyzy gowy alypsyòyz.
Paýzulla eke meniò içki pikirimi özüçe okady, soòundanam: “Meniò baý ekem: “Gowy uky, ýumºak garyn,
derlemeklik — ºu üçüsi uzak ýaºamaklygyò alamat119
larydyr» diýip, gaýtalamagy gowy görerdi» diýip, ol
ýüzugra ýene-de bir ýola talaban bolan günlerini
ýatlap geçdi.
Men onuò ömrüniò gowy günlerini az wagtlygam
bolsa ýatlanyny kem görmeýänini, ºol günleri ýatlasa
onuò ýüreginiò ºuglananan ýaly bolup gidýänligini
duýdum. ªeýle pursatlaryò duºdan geçeninden soò hem
ýaºaýyº üçin juda gerekligi hakynda, onuò ynsan ömrüni töwerek bilen baglanyºdyrýanlygy hakynda, ýüregi wagtal-wagtal güneº bolup çoýýanlygy hakynda
oýlandym.
— Ýekeje kem zadyòyz bar, ony-da häzir düzederis.
Men ol kem zadyò nämedigi hakynda oýlanyp
ýetiºmänkäm, Paýzulla eke öz süpüriºdiren käseleriniò
biri bilen, demini alyp duran üsti basyrylgy çäýnekleriò birini meniò öòüme süýºürdi.
— Hommat görnenok-la?..
— Hä, ol ýokdur. Ir bilen oòa eýerläp at getirdiler.
Bir alada bilen gitdi.
Hommadyò ady agzalansoò ol, bir zady ýadyna
salyp, stoluò üstüne ýazylan skateriò aºagyndan gazeti
aldy-da, ony maòa uzatdy.
— ªuny Size diýip goýup gitdi.
Gazetde Horezm Halk respublikasynyò Daºary iºler
ministri Mollaoraz Hojammmet hakynda makala çap
edilen ekeni. Köneürgençli Mollaoraz hakynda Hommat
ikimiziò aramyzda öòem gürrüò bolupdy. ªonda Hommat özüniò Mollaoraz maºrygy tanaýanlygyny, Hywa
baranda telim gezek onuò bilen duºuºanlygyny, gür120
rüòdeº bolandygyny, onuò W. I. Lenin bilen duºuºugyny
hemiºe ömrüniò iò manyly pursady hökmünde ýatlaýandygyny, serdaryò sowgat beren sagadyny ile görkezip:
“Adamlar, indi sagatly sagadyòy ºuòa dogurlaò, dünýäde
iò dogry iºleýän ºu — Wladimir Iliçiò sagady!» diýýänini aýdyp beripdi. Mollaoraz aga W. I. Lenin bilen
duºuºygyna ýakyndan mekdep okuwçylary bilen duºuºyp,
olara-da gürrüò beren ekeni.
...Biz üç aý gowrak ýol ýöräp ahyryn Moskwa
ýetdik. Lenin aga bilen duºuºyp gürrüòdeº bolduk. Ol
uly kelleli, gyýa gözlerägede bir saryýagyz adam ekeni.
Men oòa ilkinji duºuºygymyzda ýanym bilen niýetläp
alyp baran dondur telpegimi geýdirdim. Tirme guºagam
biline guºadym welin, ana, onsoò ol gül ýaly türkmen
boldy-da duruberdi. “Ýagºy, ...ýagºy» diýip, aralygynda
birki agyz tatarçalabam goýberdi, soòundanam aýnada
özüni görüp hezil edip bir güldi...
Biz hal-ýagdaý aýdyºyp, ýol boýy ýanymyzdan
Lenin agadan sorarys diýip, belläp gelýän soraglarymyzy ýatlaºyp, pikir alºyp oturdyk. Horezm halky
Hywa hanlygy ýykyp döwleti öz eline alan-da bolsa,
ony täzeçe nähili dolandyrjagyny anyk bilmeýärdi. Iºiò
ulusy öòdedi. Muòa hötde gelmek üçin bize Lenin
aganyò maslahaty diýseò zerurdy. ªonuò üçinem biz,
nirdesiò Moskwa — diýip ýola düºüpdik...
***
Maryda 1860-njy ýylda türkmenler Eýranyò Horasan welaýatynyò häkimi Hemze mürzäniò, onuò serker121
desi Gara sertibiò yzyna düºüp gelen 70 müòlük goºuny
Gowºut han, Täçgök serdar ýaly serkerdeleriò
ýolbaºlygynda ýeòliºe sezewar edipdir. ªol gezek keseki
goºunyò özi bilen getiren, soòundanam olja düºen toplaryny, halk ºäheriò bir çetinde depe galdyryp, görene
göz edip ºol ýerde goýupdyr. Otuza golaý guýma
çoýun top tumºugyna çaò syradyp henizem bu ýerde
dur. Birki ýerimde gözüme ilen zawod tagmalary onuò
Ýew-ropanyò zawodlarynda öòki asyrlarda guýlan toplardygyny habar berýär.
Hemze mürzäniò goºunynda toplara gözegçilik eden
pereòli ussalaryò hem bolandygyny men öò eºidipdim.
Ony hem türkmenler ºol uruºda ýesir alypdyrlar, hem
çörek biºse boýnuny burup elini serýänligi üçin, oòa
“emenek pereò» diýipdirler.
Toplaryò töwereginde aýlanyp ýörºüme, men olaryò
sany bilen gyzykdym.
— Bular ºol toplaryò hemmesimikän ýa-da baºga
ýerlerde-de top-tophana barmykan? — diýip, atlary
topuò tumºugyna iltäp duran Hommatdan soradym.
— Aý, baºga ýerde tophananyò barlygyndan meniò-ä habarym ýok, hemme olja top ºular bolaýmasa.
Ýogsa-da — diýip, ol soòundan bir eºiden zadyny
ýadyna saldy.
— ªu toplaryò Gökdepe galasyna hem birki sanysy
eltilen bolmaly. ªol ýerde topuò galany bir ýerde
goraýjylaryò arkasyny çalyp, birki ýola gümmürdänligi
hakynda-ha il içinde bir gürrüò bar.
— ªol top ºu ýerden eltilendir öýdýäòmi?
122
— Eýsem näme. Türkmeniò top guýýan zawody
barmy? Ýöne top oklaryny biziò ussalarymyz guýup
bilipdirler. Aý, topmy top-da ýöne. Onsoòam ol-da
aýdyºlaryna görä bary-ýogy iki-üç ýola gümmürdänmiº. Garºydaºlar onuò okunyò gelýänini allaowarradan
görüp, öòünden sowulmaga hem ýetiºipdirler. Onuò
oky howa-da uçan wagty, “haý, barýandyryn how»
diýip, görnüp gelýärmiº.
— Köne döwrüò toplary-da.
— Ussalar iliò gazanlaryny toplap, ony eredip, ok
guýup, tas milleti gazansyz goýan ekeni.
Biz toplary synlap, gün ýaºyberende ýene-de yzymyza dolandyk. Gün çykyp duran-da bolsa, ºemal ösüp
ýagyº ýagjagyndan habar berip ugrapdy. Depesi dänelän
selmeler ýapraklaryny ºemala ýazyºyp, ganatlanyºyp
uçuºyp gidiberjege meòzäp galkynjaklaºýardylar.
Ýagyº ýolda biziò üstümizi basdy. Ýaz, garamtyl
bulut düwünçeklerini düwüp getiren iri damjalaryny,
dökdi üstümizden paýyrdadyp. Töwerekdäki ýagyº suwundan dörän kölçejikleriò üsti türkmen gelin-gyzlarynyò
donlarynyò ýakasyny bezeýän depesi gümmezlije çaprazyndan doldy. Ýagºyò bolºy häzir gerek zady elne
düºüp, begenjine daºaryk çykyp towsaklaýan çagajyga
meòzeýär. Ol gadymy Mary topragyny aýratyn bir
yhlas bilen öz dünýäsine berlip ýuwýar.
Dolanyp gelsek Abdyryzak Paýzulla ekäniò ýanynda
onuò bilen ondan-mundan gürleºip, biziò gelerimize garaºyp
oturan ekeni. Onuò bilen meni Mara gelen günümiziò
ertesi tanyºdyrypdylar. Abdyryzagyò gepi-sözüne bada123
bat meniò synym oturypdy. Onuò bilimli-düºünjeli adamdygyna gözüm ýetipdi. Rewolýusiýadan öò hem ruslar
bilen ýakyn aragatnaºykda bolany üçin, ol rus dilini-de
ganymat bilýärdi.
Ol Mary töwereginde Orazmuhammet ahun adyny
alan ulamanyò ogly ekeni. Ahun: “Ogullarymyò iò
zehinlisi Abdyryzagym musulman dünýäsinde görnükli
ulamalaryò biri bolup ýetiºer, at-abraýy dünýä dolar...»
diýip, göwün ýüwürdipdir.
Ýöne edebiýata, matematika, sungata bolan höwesi,
galyberse-de, ruslar bilen ýakyn gatnaºyga Abdyryzagy
dinden daºlaºdyrypdyr. Ol Egrigüzerde bolan bir wakanyò esasynda garyp türkmen gyzynyò ykbalyny
yzarlap, onuò elden-ele geçip gören horluklaryny beýan
edip “Enegarry» ady bilen poema hem döredipdir.
Abdyryzagyò daýhançylyk üçin ýasan iºlemek üçin
amatly, oltumy giò, iki gulakly pilleri hem beýleki
ussalaryò iºlerinden tapawutlanypdyr. Mary töwereginde
özüne “Abdyryzagyò ýasan pili» diýdiripdir. Onuò köp
taraply zehini ahyrsoòy ataly-ogluò arasyna tow düºmegine
sebäp bolupdyr. Orazmuhammet ahun bir gün oòa:
“Sen ºeýtanyò alyna berlip, iki Hudaýy bir metjitde
ýerleºdirmekçi bolýaò, ol ikisi bir ýere ýerleºýän däldir!»
diýipdir. Onuò özge zatlaryò hemmesinden el çekip,
ýene-de tutuºlygyna musulmançylyga gelmegini isläpdir.
— Olaryò ýerleºip ýerleºmezligi, kaka, metjidiò özüne
bagly — diýip, Abdyryzak hem öz gezeginde, öz
dünýä-sinden el çekmejegini mälim edipdir. Yzysüre
bolsa maºgalasyny alyp, obadan ºähere göçüp gelipdir.
124
Bu ýerde onuò pkirdeºleri, ºägirtleri has-da artypdyr. ªolaryò biri-de Gaýgysyz Atabaýew bolupdyr. Ol
Mary bankynda iºlän ýyllary Abdyryzak bilen tanºyp,
dostlaºypdyr. Onuò Abdyryzagyò zehinine bilim-paýhasyna syny oturypdyr. Abdyryzagyò öz halkynyò
ajaýyp ogullarynyò biridigini bilipdir. Ondan köp zatlar öwrenipdir.
ªu günlerem Gaýgysyz Serdarowiç Mara gelse halypasy bilen duºuºman, onuò maslahatyny eºitmän geçmeýär diýip gürrüò edýärdi.
Abdyryzak ýakynda Mary ºäherinde açylan aýal-gyzlar institutyna direktorlyk edip ugrapdyr. Bu iºi
boýun almagy ondan hut Atabaýewiò özi haýyº edipdir.
Abdyryzagy görüp, ýene-de gyzykly gürrüòçiligiò
boljagyny ýatlap, men onuò gelmegine begendim. Önki
ýüzugra duºuºyklarymyzy, halkyò taryhyna degiºli bolan
gürrüòleriò käbirini ýatladym. ªonda onuò siòòitli gürrüòleri ýene-de gulagyma gelip ugran ýaly boldy...
—Sary topam görensiòiz onda? — diýip, ol biz öl
geýimlerimizi çalºyrynyp gelenimizden soò: “Syýahatyòyz
neneòsi boldy?» diýen manyda sorady.
Guýma, çoýun toplaryò arasynda bir top durdy.
Men oýurganyp onuò öòünde uzak durupdym. Depderçäme ºekilini çekip, aºagyndanam soòra özüme ýatlamak üçin ýazgy edipdim. “Mary tophanasynda arassa
misden guýlan top bar. Ondan eredip, W. I. Leniniò
heýkelini guýsa boljak...». Abdyryzak hem ºu topy
soraýardy.
125
— Sary top ol ýerde erkek adamlaryò arasyna ýeke
özi düºen gelin ýaly bolup dur — diýip, Hommadam
dillenip, özüçe meniò sözümiò üstüni ýetirdi. Onuò bu
meòzetmesi, töwerekde mylaýym ýylgyrmanyò döremegine sebäp boldy. Sadalyk edenini Hommadam aòdy
welin, ýöne eýýäm giçdi. — Andreý Andreýewiç, indi
top geline meòzäp ugrapdyr, görýän welin, bu gezek siz
Guºgyny görmän yzyòyza dolanmaly bolaýsaòyz gerek
— diýip, Abdyryzak mylaýym degiºdi.
Hommat özüne baºgaça düºünilenine gyzaryp, ýeòsesini gaºady. Men bolsa bahana bilen özümiò onuò
ýaºyndaky döwrümi süýjülik bilen ýatladym.
Abdyryzagyò sary topy soramagynyò sebäbi, ºol
top bilen baglanyºykly bir waka onuò ýadyna düºen
ekeni.
...ªol Gökdepe galasyny goramaga äkidilen top bolmasa, toplaryò sary topdan özgesi hiç wagt ýerinden
gozgalan däldir. Diòe bir gezek sary top ýerinden
gozgalypdyr. Men bu gürrüòi oglankam atamyz ýanyna gelen adamlardan eºidipdim.
Topy, Gowºut hanyò gazabyny hasaba alman gozgan
Täçgök serdar bolupdyr. Serdar Eýranyò Maºat hany
bilen dostlukly gatnaºykda eken. Bir gürrüòem bar,
ýagny, Maºat hany awa çykanda, çölde apy-tupan
turup azaºanmyº. Oòa gidip, muòa gidip horlananmyº,
ºonda oòa bir ýerden bir ýere barýan Täçgök serdar
gabat gelip howandarlyk edipdi. Iýdirip-içirip, ýanyna
azyk-suwlugyny berip, harasat geçensoò ýola salypdyr.
126
Bu tötänlik soòra olaryò ýakyn aragatnaºykda bolmaklaryna sebäp bolupdyr.
Eýran diýilse, käbir adamlar hemiºe uruºdyr gykylyk diýip düºünýärler. Olaryò türkmen tirelerine arka
duran ýerleri-de az bolmandyr. ªeýle-de olaryò türkmeni penalap, gaçyp geleni-de az bolmandyr...
Täçgök serdar bir ýola ºol topdan gep çykanda,
olaryò içindäki sary topy getirip bermegi dostuna söz
beripdir.
Gowºut han, top soralanda bermändir. Bir gezek
Täç serdar “Bermeseò berme» diýipdir-de, ony öz adamlaryna gizlin sökdürip, iki sany düýä taýlap ýükledipdir-de, niredesiò Maºat diýip sürüberipdir. Gowºut hanyò
iberen otuz-kyrk atlysy Tejen töwereginde onuò yzyndan ýetipdir. Gowºut han atlylaò serdaryny ýola salanda: “Nätseò ºeýt, ýöne topy yzyna getir» diýip,
çaknyºmaga-da rugsat beripdir. Ýöne atlylaryò ýolbaºçysy
Jepbar burkaz serdar bilen duºulanda, top dawasyny
etmäge howlukmandyr. Garaba-gara Täçgök serdaryò
yzyna düºüpdir-de ýöräberipdir. Serdar nirede düºlese,
Jepbar hem onuò gapdalyndan geçip beýleräginde öz
adamlary bilen düºläpdir. Bu ýagdaý üç-dört gezek
gaýtalanansoò, Täçgök serdaryò gahary gelip ugrapdyr.
Iò ahyrda bolsa ol topy hem taºlap ýanyndaky adamlaryò ýarsy bilen Maºat galasyna gidipdir. Adamlarynyò beýleki ýarysyny bolsa Mara maºgalasyny,
dogan-garyndaºyny ol ýerden bir depik gumy bilen
göçürip alyp gaýtmaga iberipdir.
127
“Bir topa geçmeýän bolsam, indi men Gowºudyò
saýasy düºýän ýerde ýaºamaryn» diýip, düwlüp-öýkeläpdir.
Mäne-Çäçede ýurt tutunypdyr.
Il-güniò gürrüòüne gör-ä, ºol gezekden soò sary top
henize-bu güne çenli ýerinden gozganmandyr, ne-de
onuò atanyny gören-eºiden bar...
Eºidip otursam, ºol Täçgök serdar häzirki türkmen
halkynyò eý görýän, respublika ýolbaºçylarynyò biri
bolup ýetiºen, Türkmenistanyò halk komissarlar Sowetiniò baºlygy Gaýgysyz Serdarowiç Atabaýewiò kakasy
ekeni.
***
Taryhyò güwä geçmegine görä, Merwiò—Marynyò
XI-XII asyrlarda, Seljuk hanlarynyò agalyk eden
döwründe iò gülläp ösen döwri bolupdyr. Soltan Sanjaryò hanlyk süren ýyllarynda ol Amyderýadan Ortaýer deòzine çenli ýaýlyp ýatan uly bir häkimligiò
paýtagty bolup oturypdyr. Taryhçy Jüweýit Merwi öz
ýazgylarynda ºeýle suratlandyrypdyr: “Merw ºol wagtlar barlylaryò hem-de ýoksullaryò yzy üzülmän gelýän mekanydy. Onuò meýdany Horasanyò beýleki
ºäherleriò meýdanyndan giòdir, ºonuò üçinem bagt
guºy onuò çar tarapyndan uçup gelip bilipdir, ºäheriò
ilat sany ýaz ýagºynyò damjalaryna barabardyr, baýlygy boýunça-da onuò ýerli baýlarynyò hazynasy
emirleriò, soltanlaryò baýlygyndan kem oturan däldir...»
Seljuklar bu ýere 1038-nji ýylda (musulman hasaby
bilen 429-njy ýylda) Syr derýanyò boýunda öz e datlary
128
bilen oòuºman gelipdirler. Horasan ºol wagt asla türki
kowumdan bolan gaznawy soltany Mahmyt Gaznawynyò elinde bolupdyr. Mahmyt Gaznawy halka çökder
salgyt salyp sütem edipdir. Ondan Eýran, Owganystan
dat edipdir. Seljuklar hem göçüp bu ýere — Horasana
gelensoòlar, özgeleriò çekýän sütemine duçar bolupdyrlar. Edilýän sütemler, alynýan salgytlar birnäçe ýyldan
seljuklaryò gazap bilen ata çykmaklaryna, “Maòlaýda
ne bolsa görülsin indi” diýip, bir çukura tüýkürmeklerine sebäp bolupdyr. 1040-njy ýylda seljuklar iki
dogan — iki serkerde Togrul begiò hem-de Çagry
begiò ýolbaºçylygynda Mahmyt Gaznawynyò ogly
Masudyò garºysyna çykyp, onuò goºunyny çym-pytrak
edipdir. ªalyk kürsüsini söweº meýdanyna getirdip, oòa
seljuk serdarlaryò ulusy Togrul begi oturdypdyrlar.
Gaznawylaryò soltanlaryndan, sütemlerinden leji çykan
Eýran, Owganystan ºundan soò ýeòillik bilen dem
alypdyr. Seljuklar bada-bat alynýan salgytlary azaldypdyr.
ªonuò üçinem beýleki halklar olara öz arkalaryny alan,
howandar hökmünde seredipdirler. Seljuklaryò özleri
hem: “Biz adamlaryò arasyna hakykatyò, deòligiò ýoluny düºedik. Ezmegi, sütem etmegi gapdala aýyrdyk...»
diýºip, syýasat ýöredipdirler.
Seljuklar sanly ýylyò içinde Eýrany, Yragy, Kawkaz
etrapyny, Kiçi Aziýany, Horezmi, Owganystany öz ellerine alypdyrlar. Grekler, ermeniler, kürtler, lazlar ýaly
ençeme halklar, halkyýetler seljuklara öz halasgäri hökmünde seredipdirler.
129
1071-nji ýylda olar Manskert galasynyò ýanynda
Wizantiýa goºunyny ýeòip, imperator Roman Diogen
VI ýesir alypdyrlar. Kiçi Aziýanyò hem Alynky Aziýanyò jümmüºinde ýol açylypdyr. Seljuklar Syrderýadan
Nil aralygyny, Kaspi deòzinden Ortaýer deòzi aralygyny sorapdyrlar.
Seljuk goºunlary dürli halklaryò wekillerinden bolupdyr. Emma seljuk hanlary aòsat goºunbaºylaryny
baºga halkdan goýmandyr. Alp-Arslanyò ogly Mälik
ºa I döwründe onuò köºk adamlarynyò köpüsi eýranlylar bolupdyr. Juda zehinli Nyzamel-Mülk ýurtda ºa
hatyrasynda gezipdir. Soltan Sanjar öz hanlyk süren
döwründe paýtagty ýene-de Mara geçiripdir. Paýtagtyò
bir ýerden baºga bir ýere geçirilmegini ol ºeýle
düºündiripdir.
“Ol ýerde meniò ata-babam ýatyr, meniòem ºolaryò
golaýynda bolasym gelýär» diýipdir. Togrul begiò, Çagry
begiò, alp-Arslanyò guburynyò Maryda ýatanyny ýatlapdyr. Seljuklar döwründe Maru-ªahu-Jahanda durmuº ýokary göterilip, beýik derejä ýetipdir. Edebiýat,
ylym, medenet, sungat kämilleºipdir. Olaryò taryhyna
ser salan alymlaryò biri: “Seljuklaryò agalyk sürmegi
örän uly ähmiýete eýe bolýar. Hut ºol döwürde baý
medeni durmuº emele gelýär, geljekde diòe Gündogar
ýurtlarynyò durmuºynda däl, eýsem, bütin dünýäniò
medeniýetinde uly rol oýnan seljuk sungaty döreýär»
diýse, baºga bir alym:
“...Olar dünýäniò üstüne ýaz ýagºy bolup ýagdylar,
bu bolsa köp sanly gowulyklaò döremegine sebäp boldy...»
130
diýip, olary ýerdäki ähli tohumlara jan berýän ýaz
ýagºyna deòäpdir.
Seljuk döwletiniò döremegi bilen Aristotel, Gippokrat, Faraby, Biruny, Ibn Sina ýene-de adamlaryò
aòynda täzeden döräpdir. Mahmyt Kaºgary, Tahyr
Merwezi, Emir Muezzi, Enweri, Omar Haýýam ýaly
ýüzlerçe alymlaryò, ºahyrlaryò döremegine sebäp bolupdyr. Beýik Seljuklar döwletiniò soòky soltany Muýezeddin Sanjar 1154-nji ýylda ölenden soò imperiýa gutarnykly dargapdyr.
...1221-nji ýylda Maryny, 80 müòlük goºun bilen
Çingiz hanyò körpe ogly Tuly han gelip gabaýar.
Birnäçe aý göreºensoò Mary synýar. Mongollar ºäher
baýlygyny talap, halkyny gyryp, galalaryny ýer bilen
ýegsan edipdirler. Diòe XIII asyrda Teýmirleò döwründe
ýene-de Seljuklar döwletiniò aýry-aýry bölekleri peýda
bolup ugrapdyr. Olar özlerini garagoýunly türkmen,
akgoýunly türkmen diýip atlandyrypdyr. Garagoýunly
türkmenler Wan kölüniò töwereginde ýaºapdyrlar, Azerbaýjana, Gündogar Anatolä öz hökümlerini ýöredipdirler. Ata-babalaryò beýik seljuklar döwletini täzeden
dikeltmäge synanaºyk edipdirler.
Garagoýunly türkmenleriò hany edermen Gara Ýusup
Teýmirleò bilen çaknyºyp, gazaply söweºler alyp barypdyr.
Dünýäni basyp almagy arzuw edýän Teýmirleò olary
öz goºunyna biýrikdirmegi diýseò isläpdir. Telim gezek
Gara Ýusuba hat ýollap ony çagyrypdyr. Gara Ýusup
oòa: “Haçan iki aýagyòy ýere deò basmagy oòaran
wagtyò habar et, ºonda biz baryp saòa goºularys.
131
Ýogsam, ata-babamyzyò atyna depeleden letdesini
baºymyza selle edip oranmagy özümize kiçilik bileris.
Iò soòky Garagoýunly türkmeni gylyçdan geçirip, iò
soòky ýigidiò kükregine naýzany sanjyp, gan ýalaýançaò biz öz seljuk bolup göterilen derejämizde galmagy
makul bilýäris» diýip, jogap beripdir.
Gyjalatly jogap Teýmirleòiò Gara Ýusuba has-da
öjügmegine sebäp bolupdyr. Diýarbekirli akgoýunly
türkmenler Teýmirleòiò goºunyna goºulypdyrlar. Gara
Ýusuba garºy onuò goºunlary bilen bilelikde söweºipdirler.
Bu bolsa iki türkmen tiresiniò bir-birlerine soò-soòlaram
alagöz bolmaklaryna sebäp bolupdyr. Gara Ýusup baºyny
alyp, Müsüre gaçmaga mejbur bolupdyr. 1406-njy ýylda Gara Ýusup ýene-de dolanyp gelip, öz ýerlerine
köpüsini urºup, dolap yzyna alypdyr.
Gara Ýusubyò çowlugy Jahan ºa döwründe, akgoýunly
Uzyn Hasana garagoýunlylary ýeòmek baºardypdyr.
Eýran, Yrak, Horasan, Pers aýlagy baºga bir seljuk
galyndylarynyò eline geçipdir.
Uzyn Hasan edermen, akylly ýigit bolupdyr. Onuò
söýgüli aýaly Despina iò soòky Wizantiýa imperatory
Dawid Komniniò aýal dogany ekeni. Ol aýal akgoýunly türkmenleriò döwletiniò halkara döwletler arasynda
ýokary derejede bolmagynda öz mynasyp roluny oýnapdyr. Uzyn Hasan ªirwan ºalarynyò üsti bilen Rus
döwleti bilen hem aragatnaºygy saklapdyr. Syýasatçy
Afanasiý Nikiti hem Hindistandan gaýdyp gelýärkä,
Uzyn Hasanyò Diýarbekiriò etegindäki mülkünde bolup, ýurduna ýetmäge onuò delalat etmegini sorapdyr.
132
Uzyn Hasan hem öz gezeginde rus adamsyndan öz
hyzmatyny gaýgyrmandyr.
Despina han Uzyn Hasana aýal bolansoò, dessine
türkmen dilinde gepläp ugranmyº. Muòa hatda daº-töweregem geò galanmyº. Ondan nädip beýle tiz dil öwrenmeginiò sebäbini soranlarynda, ol: “Uzyn Hasana bolan
söýgimi, eýsem, men näme bilen subut edeýin» diýenmiº.
Uzyn Hasanyò sekiz ganat ak öýünde onuò bilen
bir gijäni geçirensoò baºga dinli, baºga dilli gyz hem
ertesi türkmen bolup, türkmençe gepläp ugranmyºyn
diýip, türki halklaryò içinde ýaýran gürrüò hem hut
ºol Despina hanly gürrüòden soò döränmiº.
...Köne Merwiò ýeke-täk ºaýady, Soltan Sanjaryò
mawzoleýiniò öòüne biz günortanyò öò ýany gelip
ýetdik. Atlarymyzy ºol gorgunyna sürüberen bolsak,
birneme irrägem gelip bilerdik. Ýöne bizi häli-ºindi
ýolda gabat gelýän köne galalar, bilesigelijiligimizi artdyryp egleýärdi. Mary — Baýramaly ýolunyò ugrunda
günüò aºagynda ýeliò-ýagºyò, wagtyò täsiri bilen kibir
bolan, heniz ýere siòmäge ýetiºmedik geçmiºi ýada
salyp oturan galalaryò birnäçesi bar.
Biz at baºyny çekip, adamlar gidensoò olaryò ýerine
gelip bu ýerini mesgen edinen mör-möjekleri, galanyò
ýerleºiºini synlap durýardyk. “Galany haýsy han, haçan
saldyrdykan?» diýip, oýlanýardyk. Onda döwran süren
adamy özümizçe göz öòüne getirýärdik. Gaòrylyp
ýeòsäme sereden wagtym men her gezek galanyò otlugyò
içinde, uzaklaºdygymça kiçelýän adajyk bolup galanyny
görýärdim. Mawzoleýiò içinde öò Soltan Sanjaryò gubury
133
bar ekeni, ýöne ºäher Çingiz hanyò eline geçensoò, ony
talapdyrlar, Sanjaryò süòklerini bolsa görene göz edip
ýoluò gyrasyna üýºürip goýupdyrlar.
Mawzoleýiò golaýynda iki sany daº üýºmegi bar.
Bu Sanjaryò nesliniò onuò duºmanlaryndan simwoliki
ar alnyºy hasap edilýär.
Adat boýunça bu ýere gelip gidýän her bir adam
daº üýºmeklerine daº atmagy öz borjy hasaplaýar.
Adamlar ol daºy Sanaryò duºmanlaryna atýandyklaryna
ynanýardylar.
Ýöne aýlanyp ýörkäk gabat gelen bir goja muny
bize biraz baºgaçarak düºündirdi. Göwnüme bolmasa,
ºonuò diýýänleri hakykata has ýakyn ýaly.
...Çingiz hanyò goºunlary ºäheri alyp bilmän kösenipdir. ªonda Tuly hanyò töweregindäki akyldar adamlary oòa ºäheri öwrenmek üçin jansyzlary ibermegi,
ºedibem onuò gowºak ýerini tapmagy, ºeýdilse galany
aòsatlyk bilen alyp boljakdygyny maslahat beripdirler.
Iberilen jansyzlaryò birisi ahyr öz gözleýän zadynyò üstünden barypdyr. Ol tamdyrda nan ýapyp,
hem oòa ýasap berýän, iki aýalyò özara gürrüòine
gabat gelipdir.
Aýallaryò tamdyra hamyr ýelmäp durany bir gepinde:
“Duºmanlar bilenok, ýogsa Soltanyò gurduran bendini
ýykdyrsa, ºäheri suw almaly, dat günümize» diýipdir.
Töwerekde doga okan bolup gedaýsyrap ýören jansyz
hem bu habary Tuly hana ýetiripdir. Ol hut ºol aýalyò
diýºi ýaly-da hereket edipdir. Maryny suw basyp, ilat
basga düºüpdir.
134
Bu waka gulaklaryna ýetensoò, Mary iliniò aman
galan adamlarynyò birnäçesi ol aýaly tapyp, ony iki
bölüp, her bölegini ýoluò bir gyrasynda goýupdyr.
ªondan bärem öten geçen ony näletläp, daº atyp geçýärmiº.
Hommat her daºly bölegine töwrekden tapan
daºlarynyò birini oklansoò, mowzoleýiò gümmezine
çykmaga höwesek boldy. Ol dyrmyºyp, gümmeziò üstüne
çykansoò, elini kölegeledip töweregi synlap durdy, soòundan bolsa ol ýerden tutuº Merw harabaçylygynyò
görünýändigini aýdyp, meni-de öz ýanyna çagyrdy.
Men, göwün bar-da, gaýrat ýok diýemsoò, ýene-de öz
Merw hakyndaky pikirlerim bilen ikiçäk galdym.
...Üç günlük ýoldan Merwe gelýän söwdagärlere
onuò galalarynyò, gümmezleriniò ýokarsyna çaýylan
altyn ýapynjasy görner eken. Häzir ondan galan ýeke-täk mawzoleý öwlüýä gonambaºysynyò üstüne gurlan
gümmezli jaýa meòzäp, gadymy ºäheriò bu güne
düºmegine özi günäkär ýaly, müýn çekip, eginlerini
sallap otyr. Öwlüýäler, harabalar ummanynda ol ýeketäk ünsüòi çekýän gaýyk...
Seljuklaryò dörän gynyk tiresi häzir Türkmenistanyò territoriýasynda ýok hasap edilýär. Gynyklar
Kiçi Aziýada, Owganystanda, Eýranda, Türkiýede öz
atlary bilen türkmen tireleriniò biri bolup ýaºaýarlar.
Ol tiräniò häzirki Türkmenistanyò çäginde ýaºanlary,
yzarlanmalar sebäpli öz atlaryny, mongollar döwründe
üýtgetmäge mejbur bolupdyrlar. Olar “Biz Soltanyò
yzy” diýen manyda özlerini “Soltanyzlar», käbir ýerlerde bolsa “Soltanýazlar» diýip atlandyrypdyrlar.
135
Köne Merwi synlamsoò, meniò ýüregime birhili
harasatly tukatlyk aralaºdy. Ol tukatlyk bolsa meniò
Merw hakynda eºiden, okan zatlarymy ýatlamagyma,
kibtini gysyp oturan, gijeler töwereginde itler uwlaºýan
Sanjaryò mowzoleýini öwran-öwran göz öòüne getirmegime sebäp boldy.
***
Maryda bir hepde bolup dem-dynç alanymyzdan
soò, Guºgy ýoly ýene-de biziò öòümize düºdi. Indi ol
bizi ºäherden çykanymyza mähetdel töweregimizi alan
gum depeleriniò, üstlerine ýagyn guýduryp ekezleniºip,
birgeòsi bolºup oturan çerkezdir çetili meýdanlaryò
duºundan geçirip alyp barýar. Häli-ºindi ýagyº suwuna
ýuwlup oturan meýdan otlary sähranyò gujagyna sygman çogarly görünýär.
Birden igdäniò, ýene bir öwrümde bahar gelip
süòòi ýakymly ysa öwrülen haýsydyr bir nätanyº agajyò ýiti ysy haplap burnuòa urýar, seniò dünýä bolan
höwesiòi eseldip, asmana göterip goýberen ýaly bolýar.
Ot-çöp-leriò hoºboý yslarynyò hem, häzirki guºlaryò
sähraò depesinde uçup ýörüºleri ýaly, bölek-bölek bolup uçuºyp ýörenlerine ynanýarsyò.
Hommadyò hiç ýerde aýdym aýdanyny görmesem-de,
häzir onuò dowamly ýüzi, wagtal-wagtal bulutsyz asmana
dikilýän gözleri, haýsydyr bir aýdyma gygyryberjege
meòzeýär. Ýol ugrumyza biz Hommadyò dogduk mekany
Goýunjy obasyna hem degip geçmekçidik. Hommat on-on
bäº ýyl görmedik ata-enesini, dogan-garyndaºyny görmegiò
136
arzuwyndady. Ol iki üç günlükde maòa atasy bilen
pikirleriò çapraz gelip, aralaryna sowuklyk düºenini, indem oba baryp ºol düºüniºmezligi, üstünden wagt geçensoò ortadan aýryp bolar diýip tama edýänini aýdypdy.
...Hommat molla Töre ahunyò ömrüniò soòky ýyllarynda yhlasyny siòdiren talyplarynyò biri bolupdyr.
Onuò ºeýle bilimli-parasatly adamyò sapagyny alýanyny kakasy Satlyk juda guwanar ekeni. Är gadamynda gezip, öz oglunyò hem taýsyz okuwly adam boljagy-na ynanar ekeni. Diòe bir goýunjylar arasynda
däl, töwerekdäki ençeme obada hem Hommatdan baºga
bu abraýly ahuna talyp bolup bilen adam bolmandyr.
Hommadyò her gezek obalaryna gelmegi, olaryò öýlerinde uly ºagalaòyò döremegine sebäp bolupdyr. “Hommat molla gelenmiº» diýip, goòºy obalaryndanam adamlar ýanlary mally, saçakly onuò bilen gürrüòçilige
gelipdirler. “Satlyk salaryò bir ogly bar welin, dünýäni
saldarlap otur-aý” diýen gürrüò oba-oba gezipdir. Hommadyò özi-de zehini bilen ahunyò ynamyna giren talyplaryò biri bolupdyr. Bu ynam bolsa onuò öòünde
juda az adama belli bolan, ahunyò rus, fransuz, iòlis
dilinde neºir edilen kitaplary gizlin saklanýan hüjresiniò
gapysyny açypdyr. Ol telim ýyllap gije-gündiz dil
öwrenipdir. Bu bolsa soòraklar onuò Täºli Annamyrat,
Abdyryzak, Gaýgysyz Atabaýew ýaly rewolýusion duýguly adamlar bilen duºuºmagyna sebäp bolupdyr.
Egrigüzerde bolºewikleriò gizlin duºuºygynyò üsti
açylansoò, ol iki aýlap, Baýramalynyò ýag zawodynyò
ussasy Wladimir Wasilýewiçiò öýünde jandarmlardan
137
gizlenipdir... Onuò gyzy Mariýa bu az gepli, bilimli
ýigidi söýüpdir. Olar bir-biriniò taýylygyna göz ýetirip,
durmuº gurupdyrlar.
Oglunyò rus gyzyna öýlenmegi, Satlyk salary ýyldyrym
urana dönderipdir. Ol gazaplanyp, oglundan göwni
galyp: “Oglum papak geýen bolsa, orus heleý alyp, özge
dine geçen bolsa, men onuò ýüzüni görmerin» diýip,
gazap-lanyp, gurhana üç gezek malaýyny degrip ºert
edipdir.
Hommat hem bu habary eºidip: “Siz meni görmän
oòýan bolsaòyz, menem sizsiz oòaryn” diýipdir-de, birnäçe
ýyl öýke-kine edip gezipdir. Emma aý-ýyllaryò geçmegi bilen onuò öýke-kinesi ýene-de ata-enesini, dogangaryndaºyny, obasyny görmek arzuwyna öwrülipdir.
Onuò bu gün ýol ugra öz obalaryna sowulmagyna
hem hut ºol isleginiò sebäp bolanlygynyò ujy iki däl.
Hommat obalaryna, özüniò ýyl-ýyldan eý görüp ugran
kakasy bilen görme-görºe, onuò dözümli ata nazarynyò
öòünde ýene-de özüni birsalymam bolsa, garagolluk
edip temmi çekmäge kaýyl, çaga saýyp durmak islegi
bilen barýar.
Belki, ol häzir öýlerine baryp, kakasy bilen duºanynda,
özüni nähili alyp barjagy hakynda, nähili bolanda
özüni mynasyp görkezip biljekdigi hakynda oýlanýandyr.
Hommat özüniò obalaryna barjak wagtyny Maryda
duºan obadaºlarynyò birine aýdyp goýberipdir.
Biz gijöýlänler Goýunjy obasynyò bir çetinden girdik.
Ýaòyrak köçeden süri geçen borly, ýerden göterilen
138
kirºen entek ýaýramaga oòly ýetiºmän, obanyò telpek
atym ýokarsynda asyl-asyl bolup dur. Öýleriò töwereginde iº-aladalaryna güýmeniºip ýören adamlar: “Bular kim boldugykan?» diýen manyda bize serediºýärler.
Aýallar höwlüm aýdyp sygyr sagýarlar.
Obany ortalaberenimizde, Hommat atynyò baºyny
on-on bäº sany özbaºyna bölejik bolup oturan öýlere
tarap sowdy.
Biz öýleriò öòünde çilimleºip, gürleºip duran üç-dört
sany adamy gördük. Görüp otursak, olar bize garaºyp
duran adamlar ekeni. “Gelýärler» diýºip oglanjyklar
bize tarap ylgansoòlar, töwerekdäki öýlerden ýene-de
birnäçe adam daºaryk çykdy.
Hommat atdan düºüp, aòyrdan ylgap gelen çagalaryò çem gelen iki sanysyny gujaklady. Çagalaryò
hemmesi ylganda bolsa, ýakyn baransoò birnäçeler
ýadyrgap sägindiler. Bu papakly, egni plaºly, goòras
gara ýüò matadan rus biçiwünde tikilen jalbarly adamyò öz ýakynlarydygyna olar bada-bat ynanyp bilmän:
“ªumuka beri, ºol gelmeli agamyz?» diýen manyda oòa
serediºdiler.
Öýlerinden çykan bir bölek aýal-gyz hem biz tarapa ýöneldi. Hommat aòyrdan hasasyna daýanyp: “Hany
meniò gözden uçan balam?» diýip gelen, baºy güne
ýanyp giden ýas bürenjekli garry aýaly sessiz gujaklady. Garry aýal hamsykdy, soòundanam: “Eneò baºynda
ýas atynja göreniòi geòleme, balam, iniò Tagan jan
bizi armanda goýup gidendir, boýurganybam oturma,
ol töweregiòde ýokdur...» diýip ýoguny ýatlap, “Ýogsam
139
ol hem häzir seni garºylaýanlaryò arasynda bolardy»
di-ýen äheòde aglap, oglunyò kükregine ýaplandy. Onýança ýene-de bir aýal gelip, onuò egninden gujaklady.
Ol ilki garry aýala göwünlik bererli görünse-de, birki
söz geplänsoò, o-da gözüne ýaº aýlap hamsykdy.
Maòa ýasyò üstüne gelendigimiz belli boldy. Töweregimi gallan adamlar hem birbada näme etjeklerini,
bu ýagdaýda özlerini nähili alyp barjaklaryny bilmän
ýaýdanjyradylar.
Onýança bir gapdaldan eºegini debsiläp, çapdyryp
diýen ýaly howlukmaç gelýän adam peýda boldy. Ýüz
keºbi birkyýama Hommady ýatladýan bu adam gele-gelmäne ýagdaýy duýup, dözümli abyr-zabyr edip
ugrady. — Gelneje, bu nä boluº!.. Baryòa ºükür et.
Ogluò idäp gelenine begen!
— Ol gaòrylyp sereden wagty töwerekdäki aýallar
onuò nazaryna düºünip, dagamak bilen boldular.
Hommat ony tanap görüºmekçi boldy, ýöne ol
görüºmäge gyssanmady, ilki meniò bilen gadyrly görüºdi,
soòundan “Geldiòizmi, inim, sag aman!..» diýip, Hommady gujaklady. Ol bizi öýe alyp girensoò, töwerekdäki
adamlar bilen tanyº etdi. Tegelek ýüzli alagöz ýigit
Hommadyò çagalyk dosty Rejep ekeni. Garaýagyz uzyn
agajet, baºy silkme telpekli obanyò ºura baºlygy bolup
çykdy. Bizi görmäge gelýän adamlar öýüò içinde barha
köpeldi. Olaryò hemmesi-de aòyrdan özleriniò ºatlygyny
ýüzlerinde mälim ediºip gelýärdiler. Elleºip görüºýäni-de
bardy, garsa gujaklaºýany-da. Olaryò hemmisi-de Hom140
mat bilen görºensoòlar, onuò agasyna: “Ýitigiòiz gelipdir,
gözüòiz aýdyò» diýip ýüzlenýärdi. O-da “Taòry ýalkasyn,
geleweriò, geçeweriò!» diýýärdi.
Çaý içilip nahar iýilensoò, aýal doganlarynyò eºidip
gelendiklerini aýdyp: “Ejeò ýanyna bar!» diýip, Hommady baºga bir öýe alyp gitdiler. Onuò agasy bir alada
bilen daº çykan wagty men gapdalymda tärime arkasyny
berip oturan oba ºura baºlygyndan, onuò kakasyny
soradym. Ol ilki: “Aý, garry adam-da bular, köneçilräk
ýaºuly-da... Il-ä Hommat ýaly deòli-derejeli, bilimli ogul
tapanok... Köneçilräk-dä...» diýip, hakykaty aýtmajak
bolup synanyºdy. Öz jogabynyò meni kanagatlandyrmandygyny aòandan soò bolsa gönüledi.
— Satlyk aga oglunyò geljegini eºidip, eºegini münüp,
ºu gün säher-säherler obadan çykyp gidipdir...
Hommadyò özi-de oturan ýerinde bu habary eºiden
bolsa gerek, ol reòkini öçürip, periºan halda dolanyp
geldi.
Goýunjy obasynyò adamlary biziò bilen gijäniò bir
wagtyna çenli oba ýagdaýlary, ýurt ýagdaýlary hakynda gürrüò ediºip oturdylar. Olar sagbollaºyp, öýli-öýüne
çaºyºyp ugranlarynda oba eºekleri aòòyryºýardylar, itler
ol ýandan, bu ýandan üýrüºip, daº aradan bir-birleriniò
habaryny alýardylar. Bireýýäm ýatar wagtynyò bolanyndan habar berýärdiler.
ªol günüò ertesi biz gara daò bilen atlanyºyp, ýenede ýola düºdük. Goýunjy obasy ümrüò içinde tutuksy
nazar bilen biziò ýeòsämizden seredip, oýurganyp galdy.
141
***
Säheriò çygly ºemaly ot-çöpleriò üstüne labyryny
atyp öwüsýän ekeni. Biz agºam ýatakda durup, bede
iýip, dynjyny alan atlarymyzy ýanaºyk sürüp, töweregiò synçysy bolup barýardyk. Günorta gitdigimizçe,
ot-çöpleriniò hiliniò köpelýänligi, boýunuò uzalýanlygy
duýulýardy. Göwnüme, Guºga golaý barylsa, ýaz otlary
göwsüne çykarly görünýärdi. Meýdan torgaýlarynyò
sesi kimdir biriniò janyýangynly jibrinmesi bolup
eºidilýärdi. Bir belendiò üstünde ösüp oturan syrdam
çynary görüp, men onuò suratyny çekmek arzuwy
bilen atymyò baºyny çekdim. Bu ýerden seretseò ol
gögümtil-garamtyl asman bilen goºluºyp, saýawany ýadyòa
salýardy. Suratyny çeken wagtym asman gümmezini
biraz aºak düºürdim welin, çynar, hakykatdanam, dünýäde
iò uly saýawana öwrüldi duruberdi. Ol çynar biziò
düºläp, ºol ýerde nahar edinmegimize sebäp boldy.
Hommat çalak-çulak garbanansoò, oduò gapdalyna
uzynlygyna ýazan donunyò üstünde aýaklaryny ýygryp, çugutdyryp ýatdy. Dessine-de irkildi. Men onuò
agºam hyýalynda kakasy bilen gürleºip, oòly uklamadygyna gözümi ýetirdim. Hommadyò göwni galypdy. Men birsalym ol ukudan turandan soò oòa özümiò
nähili göwünlik bermelidigim, ony Goýunjy obasy bilen
bagly pikirlerinden nädip daºlaºdyrmagym hakynda
oýlandym. Ýene birden beren göwünligim, onuò ýarasyny täzelemek bolaýmasyn diýen pikir kelläme gelensoò, ol göwünligi wagtyò özüniò bermelidigine düºündim.
Raýymdan döndim.
142
Hyºadyr gamyºlygyò, ýylgyndyr toraòòylygyò elinden alnan bölek atyzlar öòümizden çykyp ugran mahaly
biziò ýene-de bir oba ýakynlaºýandygymyz belli boldy.
Biz her gezek ekin meýdanlarynyò duºundan geçenimizde, ol ýerde daýhanlaryò çil çekiºip, ekin ekilen
ýerlere ýap gazyºyp, sürüm sürüp, täze ekiºe taýynlap
ýörüºlerini görýärdik. Ir ekilen arpadyr bugdaýlar atyzlarda ygºyldaºyp, göz guwandyryp otyrdy.
ªol barmana biz gijöýlänler iki öküz bilen ýer
sürüp ýören adama duºduk. Ol iki atlynyò dabyrdaºyp
özüne golaýlap gelenini görüp, öküzlerini saklady. Onuò
ýüzi dowamlydy. Gözleri gyýmarakdy. Ak köýneginiò
üstünden geýen ýalaògat donunyò syny bilen bilini
ykjam guºapdyr. Näçe içgin synlasa-da, ol birbada biz
barada belli bir netijä gelip bilmedi.
— Ekiniò baºyna görsün, daýhan aga!
— Aýdanyò gelsin, ýagºy ýigit. — Hommadyò
göwünjeòlik bilen diýen sözüne ol tutuksy jogap berdi.
— Ýer kimiòki? ªereketiòkimi ýa özüòkimi?
— Ýer-ä, ýagºy ýigit, özümiòkem däl, ºereketiòkem,
gurbany gitdiklerim Nogul iºanyòkydyr.
— Ol Nogul iºan diýýäniò nä maýyp-müjripmi?
— Aý, ýok, ºükür, synasy sag. Dil ýetirmäwer, inisi!..
— Onda onuò özi sürse bolmaýarmy ýerini?
ªu gürrüòden soò onuò ýüzi açyldy, biziò öz çaklan
adamlaryndan däldigini bilendigini aýdyp, göwünjeò
gürleºdi. Ol bizi ilki gören mahaly, çöllerde jeòòelliklerde gaça urºup, ýaºap ýören galtamanlardandyr öýden
ekeni. Soòra ol biraz mundan öò iki-üç atlynyò duý143
dansyz meýdanda iki öküz bilen ýer sürüp ýören öz
obadaºlarynyò birini elini baglap alyp gidiºlerini, ol
ýigidiò hem ýolda ugurtapyjylyk bilen özüni olaryò
elinden halas ediºini ýatlady.
“Ýigidem ýeser ekeni, ºol barmana ol bir çykalga
tapmasa, bularyò özüni guýa gaçan ýaly etjeklerine
düºünipdir, at yzynda süssenekläp gelºine samyrdap
ugrapdyr... Görersiòiz iºan agaò gudraty sizi çiºirip
öldir. Men öz ýerimi däl, ºonuò ýerini sürýän. Ol ýyl
gyzylgojalydanam biri siz ýaly onuò ýorunjasyna
seredýäne sögüp, soòundanam çiºip ölüpdi, almytyny
alypdy...» diýipdir. Kurhan sürelerindenem tapan-tupanyndan okaºdyrypdyr. Galtamanlar atlaryny saklap,
oòa kelemesini öwürdibem görüpdirler. ªundan soò
onuò Nogul iºana berlen daýhandygyna ynanyp, boºadyp
goýberipdirler.
Biz onuò ýaòy ýer kimiòki diýlip soralanda “Nogul
iºanyòky» diýenini diòe ºundan soò düºünip galdyk.
Atlarymyzy sürüp ugrabermekçi bolanymyzda, täze
tanºymyz özüniò hem indi bu ýerde uzak galman biziò
barýan tarapymyza — oba gitjegini, birsalym bize
ýoldaº boljagyny aýdyp, öküzlerini kündeden boºatmaga
durdy. Ol öküzlerini çatyp öòüne salansoò, biz ony öz
atlarymyzyò haýsy bolsa-da birisine artlaºdyrmakçy
bolduk. Ýöne ol obanyò ýakyndygyny aýdyp, pyýada
ýöräberenini kem görmeýänini duýdurdy. Atlaryò gapdaly bilen lepbildäp ýöräp ugrady.
Her gezek ekin meýdanyna gabat geleninde ol: “Bu
ýere pagta ekdik, bu bäº peýkal meýdana künji sep144
dik» diýip, bize ekilen ekinleriò maglumatyny beriºdirýärdi.
“Suw ýetirinip bilsek, derýaò suwy bol bolsa, el ýaly
ýerim bolsa ekmän goýýan däldiris...» diýip, gowy hasyl
hakynda göwün ýüwürtdi.
Obanyò deòine ýetenimizde, ol bizi öýüne myhmançylyga çagyrdy. Aýdym-saz ederis diýen manyda,
dutarynyò hem bardygyny ýatlady. Biz Ýolötene howlugýanymyzy aýtsak-da, ol muòa üns bermedi.
— Gaýgysyz agaò adamlary bolsaòyz, meniòkä
düºlemän geçseòiz bolmaz. Ol maòa duºan ýerinde men
onuò ýüzüne nähili serederin. “Agamyrat, ol gezek saòa
meniò iki sany tanºym-a duºan eken» diýse, öýe çagyrmanym ýadyma düºüp utanmanmy? Men onsaòam
ýöne bir adam hem däl ahyrym, özüm-de bolsa meniò
dilgat... Soòra ol özüniò Türkmenistanyò I gurultaýynda Kalinin, Atabaýew, Aýtakow bilen duºuºanyny, olaryò
hem ýolumyz düºse obaòyza hem bararys diýenini,
ºondan bäri obadaºlarynyò özüne “Agamyrat dilgat»
diýýänini buýsanç bilen ýatlady. Bize ylalaºyp, onuò
yzyna düºübermekden baºga alaç galmady. Agamyradyò
öýüne gelip birki käse çaý içýänçäk, syrykda kakadylan etden biºirilen çekdirme öòümize geldi. Agamyrat
dilgatyò “Pylany akgaòa aýt, neme akgaòa aýt» diýip,
ogluna çagyrdyp getiren adamlary bilen biz nahary
öòümize aldyk.
Türkmenler nahary uly tabaklara guýup, onuò daºyna
üýºüºip bile iýýärler, hem munuò ýüreklerindäki agzybirligiò alamatydygyna ynanýarlar. Men türkmenleriò
arasynda bolup, olaryò iki sözleriniò birinde “Agyz-dil
145
birligi bolsun!» diýen sözi köp gaýtaýlanýanlygynyò,
agzibirligiò küýselýänliginiò ºaýady boldum. ªeýle-de
olar “Türkmen agaò agzy ala, ýogsam, aòsat muòa
batyrynyp bilen bolmaly däl, munuò öýüni ýykýan zat
agzalalygy» diýip, gürlemegi gowy görýärler.
Türkmenleriò ähli tirelerinde deò derejede sarpa
goýulýan Magtymguly ºahyryò arzuwy hem türkmeniò
köpden bäri elýeterinden uzakda bolan ºol agzybirlik
bolupdyr.
ªahyr, Görogly ýaly il-gününe eýe boljak serkerdäniò gözleginde bolupdyr. Kän türkmenler onuò Hindistana gitmeginiò baº sebäbiniò hem hut ºol gözlegdigini
çak edýärler. Ol ýerdäki Mogollar döwletiniò goºunbaºysy
han hanan Baýramhan ýaly, zandy türkmen kowymun-dan bolan ärleriò at-owazasy onuò gulagyna-da
ýeten bolmaly. Ýöne ol öz iline gerek är ogly ne
Hindiden tapypdyr, ne-de Eýran, Siriýadan. Oòa ol
serdar ogly “Köp garaºdym, ajap eýýäm gelmedi!”
diýen döwrüniò gelip, ºonuò döretmelidigi belli bolupdy. Agzybirlik hakynda oýlananymda, Tejen ýolunda
duºan Çarynyò lapykeçlik bilen elini silkip aýdan
gürrüòi-de häli-ºindi meniò ýadyma düºýär. Biz onuò
bilen bir wagtky dünýä zahyr türkmenler hakynda
gürrüò edip gelýärdik. ªonda ol: “..Andreý aga, bu
görýänleriò seniò ol gerçek türkmenleriòdenem däldir,
bolsa-da ol uly iliò özüni oòarman, il atlananda eºeginiò
kölegesinde nasyny atyp irkilip galýan, pursady duºdan
geçiren garyn guly zaòòarlardandyr. Ýa-da ol giden146
leriò ýerine ondan-mundan gelen ykmandalardyr» diýip
janygypdy.
Bu gürrüòe ºol wagt Hommadyò nähili düºünenini
bilemok, maòa welin, onuò öz halkyny hiç kesden kem
söýmeýäni belli bolupdy. Sebäbi bu sözler tüýs öz ilgününi söýýän, onuò ýetmezini görüp jany ýanýan,
onuò öz adyna mynasyp bolmagyny isleýän adamyò
diýäýjek sözleridi.
Biz naharlanyp bolup-bolmankak, bir on-on bir
ýaºly ýortmança oglan gapynyò öòünde peýda boldy.
Öý eýesiniò adyny tutup, jammyldady.
— Agamyrat akga, kepbämiziò çaýtysyny göterjek
diýorlar, akgam dagy garaºyp durlar, gelsin diýdiler!
— Syryk-beýleki tapyºdyryberiò!
Öý eýesi tiz gelýänini aýdyp, “Oturyberiò» diýse-de,
bizem onuò yzyndan galmadyk.
Bu ýerde elleri syrykly birnäçe adam töwerekden
çagyrylanlaryò üýºüºerine garaºyp duran ekeni.
Güýç ýeterlik diýip hasap edilensoò, adamlar öýüò
ortasynda pessejik depä meòzäp duran gamyº kepbäniò
ýokarsyny ýerli ýerden “hany-da, hany” bolup göterip,
ony kepbäniò aºaky böleginiò üstünde goýdular. Iki-üç
adam hyºadan oòarylan ýüp bilen onuò telim ýerinden
ykjam sarap pugtalady. ªeýdibem töwerekde ýene-de
bir gamyº öý köpeldi.
Gürrüò beriºlerine görä, ºeýle kepbäni iki türkmeniò
biri örüp bilýärmiº. Ol köplenç halatda hyºadan, ºeýlede ýylgyndanam edilýärmiº. Onuò ululygy, beýikligi
adaty öýleriò ölçeginde bolýar ekeni. Ölçenip alnan,
147
öýüò oturjak tegeleginiò gyrasyna, öýi saklap durmak
üçin her bir, bir ýarym metrlikden agaç dikilýär. Çatma
iki bölekden bolup, onuò ýokarky çaýty diýilýän bölegine
ýerde örüp, soòundan uzyn syryklaryò kömegi bilen
ýokary göterip ýerinde goýýarlar. Çaýtynyò süòòi gysymgysym edilip pugta berkidilen hyºadan. Ol gümmeze
meòzeº bolany üçin, ýagyn geçirmeýär. Gümmeziò
ýokarsynda tüsse çykar deºik goýulýar. Kepbäniò ýyly
bolmagy üçin köplenç babatda onuò aºaky bölegini
samanly palçyk bilen käte bir tarapyndan, käte-de iki
tarapyndanam suwalypdyr. Kepbe dikeltmek üçin köp
azap edilmeýär, ugruna çykan adam ony aòyrsy bir
hepde, on günde gurýar. Beýle kepbelerde hemiºe ilatyò
eli ýuka, öý gurmaga mümkinçiligi bolmadyk, ýoksul
gatlagy ýaºapdyr.
Täze kepbäniò süòòünden ýakymly gamyº ysy göterilýär. Men daºynda aýlanyp, onuò ol bi ýerinden
tutuºdyryp gördüm. Bu agyn gamyºdan, ortasynda ot
dagy ýakylanda uçgun böküp tutaºyp ötägitmeýärmikän
diýip oýlandym. Kepbäniò içinden dikilen agaçlaryò
tüýs gerek zatdygyny anykladym. Ol bolmasa gatyrak
ýel tursa kepbäniò nä güne düºjegini özümçe göz
öòüne getirip gördüm.
Ol ýerden gaýdyp gelýärkäm men aòyrdan indi-ä
birsalym aýdym-saz diòläýsek gerek diýip, pikir edip
gelýärdim, hem ýokarymdaky özümiò ýurdumda gören
ýyldyzlarymdan has ýiti görünýän ýyldyzlary, olaryò
gapdaly bilen goºun saplarynyò öòünden geçip barýan
148
ºöhratly generaly ýatladyp, ºuglasy bilen töweregini
ýagtyldyp barýan Aýy synladym.
Ýöne ýene-de meniò çakym çykmady, gelsek bu
ýerde bizi myhmançylyga çagyrmaga gelen ýene-de bir
ýumuº oglany garaºyp duran ekeni.
Ol biziò öòümizden çykyp: “Agyrmyrat akga, babam myhmanlarynam alyp gelsin diýor!» diýip habaryny berdi. Ol ýerdenem bizi baºga öýe äkitdiler.
Men bir gezek Hommada ýolda bir öýden baºga bir
öýe barýarkak, doklugymy, indem hiç zat iýere ýagdaýymyò ýokdugyny aýdan wagtym, ol: “Andreý Andreýewiç, gaýrat et, çagyrylan ýere barmazlyk, biziò
ilde halanylmaýan zatlaryò biridir. Köp iýmek hökman
däl, iºdäò alanyny iýäýersiò, duzuny dadyp, goýsaòam
bolar, barmasak “Duzumyzdan uly boldy, ugursyz myhmanlar ekeni” diýip, gaty görerler» diýip düºündirdi.
Her baran ýerimizde-de ähli gürrüò meniò töweregimde bolardy. Töwerek meniò Leningrad hakynda
beren gürrüòlerimi höwes bilen diòlärdi.
Bir baran öýümizde meniò gürleýºime birden pyòkyryp gülen oglanjygy bada-bat öýden çykaryp kowdular. Özümiò türkmençe gepleýºimiò näderejededigini
bilýänim üçin, men oglanjykdan gaty görmedim. Gaýta, tanyº fransuzymyò rusça gepleýºini ýatlap, ºoòa
meòzeýän bolsam gerek diýip oýlandym.
— Lenin agany öz gözüò bilen gördüòmi? — diýip,
menden uly gyzyklanma bilen soraýardylar.
— Gördüm — diýip, jogap berýärdim, öz duºuºygymy
ýatlaýardym.
149
— Bir ýerde ýaºabam, heý, görmezmi — diýýänlerem bardy. Dogrudanam, olaryò birnäçesi meni Wladimir
Iliç bilen bir kowçumda ýaºaýandyr, her gün irden
duºuºyp,
“Sag aman ördüòizmi?”, “ªükür” diýºip,
onuò bilen özleriniò soraºyºlary ýaly häli-ºindi saglykamanlyk soraºýandyr öýdýärdiler. Soraga nähili jogap
berjigimi bilmän ýaýdanjyran wagtym, ýagdaýymy
duýup Hommat maòa kömege ýetiºerdi. Ildeºlerime
gerek jogaby onuò özi bererdi.
Biziò aramyzda her gezek diýen ýaly töweregiò
bilesigelijiliginden, olaryò soraglaryndan dörän gürrüòler
bolýardy:
— Lenin aga, Görogldy beg ýaly ýetmiº iki dil
bilenmiº diýýärler?
— Köp dil-ä bilipdir...
— Onda ol türkmençänem bilendir.
— Hywaly türkmen Mollaoraz onuò ýanyna barypdyr-a, ºonuò bilen, elbetde, gepleºendir — diýip, süýrükelle
ýigit öz sözüni tassyklajak bolup, soòundanam meniò
ýüzüme seretdi.
Men oòa:
— Wladimir Iliç bilen duºuºan mahalym men Türkmenistana gelmändim, türkmen dilini-de bilmeýärdim.
ªol wagt türkmençäni bilen bolanlygymda onuò bilen
siziò diliòizde gepleºip görsem-de görerdim — diýip,
ýarym oýun bilen jogap berdim.
Bir gezek eli hasaly garryrak aýal biziò oturan
öýümiziò gapysyny açdy. Bu ilde aýal-erkek, has-da
ýat adam aralarynda bolan mahalynda garyºyp-gatyºyp
150
oturmaýarlar. Gapynyò bir gapdalynda oturan öý eýesi
ýigit ony görüp aladalandy.
— Ene, sizmi?
— Mendirin, oglum.
— Girjek öýüòi ýalòyºan-a dälsiò?
— Ýok, balam... Lelin agany gören, türkmençe gepleýän orus myhman geldi diýdiler, ºony göräýin diýdim.
— Gel onda, otur.
Öý eýesi oòa ýanyndan ýer berip oturdy. Ol gürrüòe goºulman, gündogar aýallaryna mahsus kanagatlylyk, saýhallylyk bilen töweregi diòläp oturdy. Birsalymdanam ýadadymy ýa-da öz gelmegi bilen gürrüòiò
ºowhunyny gaçyrandyryn öýtdümi nämemi., gidermen
boldy. Diòe iºikden çykyp barýarka: “ªeýdip ynsanynsanyò dilini tapawersin, Hudaýym...» diýip dillendide, soòundanam doga meòzeº birzatlary hümürdedi.
Biz gijäniò birwagty argynlygymyzy duýup, birsalym ýatyp dem-dynç almagy arzuw ediniºip, myhman ýerimize dolanyp geldik.
***
Ýolötene barýan ýol, hä diýmän, bizi jahan ýagtylyp ýetiºmänkä, oba çalym berip oturan ºäherjige getirdi. Bu gün bazar güni ekeni. Adamlar daò bilen
aýak üstündediler. Ikibir, üçbir bolºup., gürleºip, ºäher
töwe-regindäki obalardan gelýän atly, eºekli bazarçylar
häli-ºindi bize gabat gelýärdiler.
Görüp otursam, Mary töweregindäki posýoloklarda
adaty bazar hepdäniò dördünji, altynjy günlerinde dürli151
dürli wagtlarda edilýän ekeni. Bu, elbetde, adamlaryò
birek-biregiò bazaryny bazarlamaga özleri üçin döredilen mümkinçiligi bolmaly. Birsalymdan biz türkmen
zenanlarynyò geýniºinden üýtgeºik geýnen zenany
eºegaraba mündürip alyp barýan adamyò yzyndan
ýetdik. Arabany baºy selleli, ak köýnek, ak balakly,
aýakýalaòaç, türkmenlere görä has garaýagyz görünýän
alagöz adam sürüp barýardy. Aýal arabanyò dörtden
üç bölegini tutup, uly bir deòiz köpüginiò ortasyndan
kellesini çykaryp oturana meòzäp, töweregini synlap,
gözlerini ýaldyradyp otyrdy.
Her gezek men özümiò öò görmedik türkmen tirämiò
arasyna düºenimi töweregimdäki aýallaryò geýimleriniò üýtgemeginden aòýardym.
Tireleriò erkek adamlarynyò aýallara seredeniòde
bir-birleri bilen has ysnyºykly gatnaºykda bolandyklaryny
olaryò geýen geýimlerinden çen tutup bilse bolýar.
Erkek adamlaryò geýniºinde uly bir tapawut ýok.
Aýallaryò geýniºinde welin tapawutlylyk mese-mälim.
Meniò Kaka, Duºak töwereginde synlan aýallarymyò
geýinºi, teke tiresiniò aýallarynyò geýniºinden tapawutly.
Saryk tiresiniò aýallary-da özboluºly geýinýärler.
Hut düýn Hommat ikimiziò aramyzda, ýolda gelýärkäk
bu barada gürrüò bolupdy. ªonda ol maòa saryk
tiresiniò zenanlarynyò geýimleri hakynda öz bilýän
zatlaryny aýdyºdyrypdy.
Bu etrabyò ýaº gelinleri börügiò üstünden owadan
matalardan tikilen ýeòiljek bürenjek atynýarlar. Orta
152
ýaºan aýallar ak hasany sary ýa-da gyzyl reòklere
boýap atynýarlar. Bu öz gezeginde olaryò ogul öýerip
gyz çykarandygyny alamatlandyrýar. Hasany toýlarda
dabara bilen bu derejä mynasyp bolan zenanlaryò
baºyna atýarlar. Iò garry aýallar ak hasany atynýarlar,
agtyk-çowluk gören aýallar, diòe ºol aýallar ak esgi
atynmaga mynasyp hasap edilýär. Il içinde agtykçowluk görmedik aýallaryò arasynda segsen ýaºasa-da,
ak atynmadyklar bolupdyr.
Gören, eºiden zatlarymy ýatlanym üçin, ºeýle-de bu
hili geýnen aýala heniz duºmanym üçin, ony gören
wagtym men ýene-de bir öò özüme näbelli bolan
türkmen tiresiniò arasyna gelendigimizi çak etdim. Ýöne
men bu gezek ýalòyºan ekenim. Arabanyò üstünde ak
guw ýaly bolup oturan aýal buluç zenany bolup çykdy.
Aýdyºlaryna görä buluçlar bu ýere golaýda gelenmiºler...
Owgan emiri, Habibulla han, Beçe Sako tarapyndan
tagtdan agdarylandan soò, emiriò tarapynda durup
urºan buluçlaryò hem bir bölegi ýurduny taºlap gaçmaga
mejbur bolupdyr.
...Taryh buluçlaryò birçak Siriýanyò Halap ºäheriniò töweregindäki daglarda ýaºan halk bolanlygyndan
habar berýär.
Omiadlar dinastiýasynyò Halifi Ýaziz (680—683)
ymam Hereti öldürensoò, buluçlar ºol ýerden dargapdyrlar.
Gündogaryò belli ºahyry Firdöwsi hem öz “ªanamasynda» Hosrow patyºanyò buluç taýpalary bilen
gandöküºükli söweºler edendigini ýazypdyr.
153
Buluçlaryò ýaºululary gelip çykyº taryhlary bilen
gyzyklanyp sorag beren wagtymyz: “Biziò aòrymyz
Mir Jalalyò dört oglundandyr, Mir Jalalyò bolsa kimdigini, Hudaý janyò özi gowy bilýändir» diýºip, çaklama gürrüòleri aýdyºdylar.
Buluçlaryò türkmenleriò arasyna düºen topary
özbaºlaryna, küren il bolup oturan ekenler. Olaryò
kethudasyna Abdykerim diýilýär. Hommat Atabaýewiò
tabºyrygy boýunça özüniò ýörite Kerim han bilen
duºuºmalydygyny aýdyp, meni-de buluçlaryò ýanyna
alyp gitdi.
Ol ýere ugramazymyzdan öò Hommat sakgal-murtuny syryp, özüne ýagºy serenjam berdi. Marydan bäri
ýeke gezegem egnine sokmadyk komissar keltekçesini,
maòlaýy ýyldyzly papagyny geýdi. Men ony synlap,
onuò gürleºmeli adamsynyò ýönekeý adam däldigini,
bu geýimleriò häli-ºindi kim bilen gepleºýänini ol adamyò öòünde nygtamalydygyny oýlanyp bildim.
Hommat, iki tarapdan baýdak göterilip, gepleºik
üçin söweº togtadylandan soò, bolºewigiò adyndan
gepleºige ugrajak komissara meòzedi.
Buluçlaryò köpüsi ýerkümeler gazynyp, onuò üstüni
ot-çöp bilen basyryp ýaºaýan ekenler. Aýakýalaò, baºaçyk
çagalar düòküldeºip, ýeriò çygyny hasaba alman, ºowhun
bilen oýnaºyp ýörler. Garagözelejik güne ýanan hor-homsy çagajyklar. Olar biziò münüp barýan atlarymyzy, geýimlerimizi gapdaldan geçen wagtymyz aýratyn
bir gyzyklanma bilen synlaýarlar. Wagyrdaºyp öz
aralarynda, bize düºnüksiz bolan dilde gygyryºyp
154
gürleºýärler. Hommat at üstünde töweregini synlap
barºyna, nämedir bir zady göwnüne jaý edip bilmän
çygyldy: “Andreý Andreýewiç, biler bolsaòyz, ºulara
hökümet tarapyndan iki gezek pul kömegi berildi. Öý
dikip, ile meòzeº ýaºasynlar diýlip. Birinji berlen pul-a
Kerim han tutuºlygy bilen özüne siòdiripdir. Sürüsini
artdyrypdyr. Ýakynda respublika ýene-de bulara pul
kömegini berdi. Ana, görýäòiz-ä, heniz-ä hiç hili
üýtgeºiklik ýok. Ony-da Kerim han öz derdine ýaradan
bolmaly. Gaýgysyz Serdarowiç maòa ºu kömegiò
köpçülige paýlanyºy bilen gyzyklanmagy tabºyrypdy”...
Biz iki-üç sany, töwrekden aýratyn bolup saýlanyp
oturan palçyk jaýyò öòünde at baºyny çekdik. Bu
jaýlar Kerim hanyò, onuò ejesiniò bolýan öýi ekeni.
Gapylaryò öýünde oòa-muòa güýmeniºip ýören talabanlar, biziò ýanymyza gelseler-de, atlarymyzy tutmaga howlukmadylar. Olar baryp habar be-rensoòlar, öýleriò
birinden geýnüwli, bili hanjarly, aýagy teletin ädikli,
ýüpek, ak matadan bol edilip tikilen köýnek geýen onüç, on-dört ýaºly ýigdekçe epeýsiräp çykyp, biziò habarymyzy aldy.
— Kerim han ogly, Mir Aly han sizi diòleýär,
adamlar. Aýdyberiò habaryòyz bolsa!
— Türkmenistan respublikasynyò wekilleri, Gaýgysyz
Atabaýewiò tabºyrygy bilen, Kerim han bilen gepleºmäge
geldi. — Hommat bu sözleri aýdyp, özüniò kimdigini,
maksadyny mälim etdi.
— Kerim han öýünde ýokdur, ol çöldedir, aw
awlaýandyr. Aýdybermelidir, onuò ogly sizi diòleýändir!
155
— Kerim han haçan gaýdyp geler?
— Ony hanyò özi, hem Alla bilýändir. Han atam
Hudaýdan baºga adama hasap-hesip berýän däldir.
Ol bu sözleri “Size — Bolºewiklere degiºli» diýen
manyda diýdi.
— Çöle çykan bolsa, onda ol bir hepde-on günsüz
gara bermez — diýip, Hommat oglanyò gepleºmäge
göwünlidigine ähmiýet bermän, atyny yzyna dolady.
— Guºgudan dolanyp gelýärkäk darap geçäýmeli
bolar ýa-da ýolda onuò özüne duºarys... — diýip, özüni
kanagatalandyrdy.
Buluçlar ýaºaýyºlarynyò kynlygyna seretmezden, öz
ýaºaýyºlaryndan gowy ýaºaýºyò barlygyny bilmeýändikleri
üçin bolsa gerek, ºadyýan ekenler. Olar topar bolºup,
tans ediºip, gadymy buluç aýdymyny üýtgeºik bir
göçgün bilen zarynladyp aýdýan ekenler.
Ölümiò alamaty — gyzdyrma gagºamadyr.
Ýagyºyò alamaty — gaý-tupan — çagºamadyr.
Söýginiò alamaty — ýylgyrma — ogºamadyr.
***
Ýolötene gelip Gyzyl Goºunyò Ýolöten otrýadynyò
komandiri Atçapar Taýyrow hakyndaky gürrüòlerim
ýene-de meniò Guºgy galasy hakynda eºiden zatlarymy
ýatlamagyma sebäp boldy.
... Guºgy 1917-nji ýylda Oktýabr rewolýusiýasynyò
Peterburgda amala aºanyny eºiden ilkinji nokatlaryò
birisi bolupdyr. ªeýle-de bu ýerde güýçli telegraf
gatnaºygy bolupdyr. ªeýle-de bu ýerde A. N. Zaýsew,
156
G. S. Morgunow, I. K. Sliwiskiý, I. N. Sybizow ýaly
bolºewikler hem bar ekeni. Guºgy galasy Peterburga
telefonogramma ýollap, rewolýusiýa öz sesini goºupdyr.
Guºgy galasynyò ýokarsynda rewolýusiýanyò Gyzyl
Baýdagy peýda bolupdyr.
...Rewolýusiýanyò öòüsyrasynda knýaz Nikolaý Konstantinowiç Romanowyò baºda durmagy bilen Guºguda
gorhana döretmeklik (THO-nyò ok-ýaragynyò uly bölegini
saklamak) karar edilipdir. Bu iºe ýolbaºçylyk etmek
bolsa polkownik P. P. Swetkowa tabºyrylypdyr. Az
salymyò içinde Guºguda Türküstan harby okrugynyò
ok-däri zapasynyò ýarysyndan gowragy jemlenipdir.
Jahan urºy artilleriýa skladlaryny boºadypdyr. Diòe
Guºgy gorhanasynyò ok-däri zapasy ellenilmändir. Onuò
Rus-Owgan ýagdaýlary juda bulaºan ýagdaýynda gerek
boljagy göz öòüne tutulypdyr. Angliýa ruslar bilen
owganlary çaknyºdyrmagy niýet edinipdir. 1918-nji ýylyò
21-nji iýunynda Welikobritanyýanyò baº ºtabynda “iòlis-hindi» administrasiýasy Owgan emiriniò Mary —
Guºgy aralygyny eýelemegine hökman kömek etmelidir
diýlip ýörite hat taýynlanypdyr.
Gala bolºewikleriò eline geçensoò, olardan galany
hem gorhanany almak niýeti bilen Graf Dorrer öz
adamlary bilen bu ýere gelipdir. 29-30-njy iýulda iki
güne çeken Guºgy Sowetiniò ýygnagyndan soò, guºguly
iºçiler, gyzyl goºun esgerleri “..Hiç kime ok-ýarag bermeli däl, ºu ýarag bilen goranmaly, çörek, güýç meselesi bilen ýerli daýhanlara ýüzlenmeli, juda çykgynsyz
ýagdaý bolsa, onda galany duºmana tabºyrman ýarma157
ly, eger gala tabºyrylsa, bu iºçiler synpyna dönüklik
edildigi bolar...» diýip netijä gelipdir.
Bolºewikler Soweti öz kararlarynda daýhanlar bilen
arany sazlamaly diýende bu iºe hötde gelip biläýjek
adamlaryny göz öòünde tutupdyr. Olaryò garadan gaýtmazlarynyò biri-de, aòly-düºünjelilik bilen özüni rewolýusiýa tutuºlygy bilen beren, oòa elinden gelen
hyzmaty gaýgyrmaýan Atçapar Taýyr ogly bolupdyr.
Atçapar jahyl wagtlary Hindiguº GES-ini guran rus
ussalarynyò arasynda iºläp, olaryò dilini öwrenipdir.
1914-ni ýylda ýerli baýlar ony, öz garyndaºynyò deregine
päleçilige ugradypdyrlar. Goòur esger ºinelini geýen
Atçapar uruº hupbatlaryny birkemsiz baºyndan geçiripdir. Edermenligi üçin Georgiý haçy bilen sylaglanylypdyr. Rewolýusion meýilli adamlar bilen duºuºyp,
ysnyºypdyr. Oktýabr rewolýusiýasyndan soò ol ýene-de
iline dolanyp gelipdir. Podpolýeçi-bolºewikler Täºli
Annamyradow, Alan Zepow, Akmyrat papak bilen
goºulyºypdyr.
Bu gatnaºyklar bolsa soòra onuò Goºgy galasyndaky rewolýusionerler bilen ysnyºygyna, öz halkyndan
ilkinjileriò biri bolup rewolýusiýanyò atlysy bolmagyna
sebäp bolupdyr.
Atçapar egni gyrmyz donly, aýagy teletin ädikli,
baºy keseligine gyzyl mata tikilen ak silkme telpekli,
görenlerde höwes döredip, at üstünde gezýän ýigit ekeni. Ony görende dünýäsini unudýan gyz-gelinler az
bolmandyr. ªol zenanlaryò biri-de Rahmanýaz hanyò
üçünji aýaly, tatar täjiriniò gyzy, öz görmegeýligi, nä158
zikligi bilen ýigitleri ýuwdundyrýan Zeýtune han bolupdyr.
Zeýtune han ony soòuna saýman, adamsynyò gazabyndan çekinmän, din-adatyò perdesine hasaba alman söýüpdir. Onuò gözi hemiºe töwereginden Atçapary gözläpdir. Otursa-tursa, atyny säpjedip gelýän görmegeý ýigit
onuò gözüniò öòünde bolupdyr.
Bir ýola iki sany bir-birege küýsäp ýören ýürege
belet, Atçaparyò otrýadynyò esgerleri Zeýtune hany
ogurlap guma, Atçaparyò huzuryna alyp gelipdir. Ony
getirenler özleriniò haýyr iº edendiklerine halys ýürekden
ynanýan ekenler. Ýene Zeýtune han ömründe birinji
gezek Atçapara alagöz bolup seredipdir.
— Kimden garaºsam-da, senden-ä beýle peslige
garaºmandym, Atçapar! — diýip, hiç zatdan bihabar
Atçaparyò ýüzüne durupdyr. Atçapar hem ýigitlerine:
“Häziriò özünde burnuny ganatman, alyp gaýdan ýeriòize
eltiò!” diýip, yzyna öwrülip gidipdir.
Sen bu aýallary goýaýgyn, bular bir düºnüksiz
dünýä bolýan ekeni. ªundan soò Zeýtune hanyò Atçapara bolan söýgüsi has-da artypdy...
Halky öz tarapyòa çekmek meselesinde aklar hem
uly iºler geçiripdirler. Polkownik Zykowa tizden “Murgap frontuny” döretmek, Guºga zabt etmek baºardypdyr.
Ýerli milletiò Gurbanýaz han, Rahmanýaz han, Seýitmämmet han ýaly barly adamlary Zykowyò tarapyndan ýygnanyºypdyrlar. Guºgy bolºewikler Sowetiniò
tabºyrygyny alan Atçapar Taýyrow, Täºli Annamyradow dagy il içine gidipdir. Gysga wagtyò dowamynda
159
olar Ýolöten, Tagtabazar iliniò agramly bölegini öz
agyzlaryna garatmak, iliò Arnageldi Ýagmyr, Gully
Emin, Akynyýaz Mämet ýaly abraýly adamlaryny öz
taraplaryna çekmek baºardypdyr.
“Murgap frontunyò” gürrüòi bolanda, bir ýola bize
Hezretguly—Hezzi akga diýilýän adam özüniò ol goºunda
bolanyny gürrüò berdi.
— Bizler-ä barammyzda Söýnaly-Bedenden üç adamdyk, ýolbaºçymyz bolsa, mana, ol Ýazgeldi tarkaº. Gulhan baý bizi hakyna tutupdy. Herimize bir tamdyr
nan berdi. Bir goýnam gowryp berdi. Birazrak guºdyrnak
çaý bilen ºahanabadam berdi. Bu zatlar biziò nirde
gören zadymyz. “Berim gökden ýol ýasar” diýleni.
“Urºa gitmeli” diýdiler, “Bor, urºa gideris» diýdik...
Bärden baryp birki gün-ä ýatdyk. Çemenäniò töwereginde ýylgynlygyò içinde. Üçünji günem säher-säherler Allany çagyryp, çozduk demir ýola tarap. Äý, Orus
seni bir golaýyna ertomy. Aòyrdan bir otly göründi.
Soòundanam plimýot atyp gyzyl ot bolup ugrady.
Biziò bolsa ýaragymyz egri gylyçmy-da, çarºak, gyrkylyk, berenlerinde “Häzir ºular bilen urºuò, galany alanymyzsoò, heriòe bir bäºatar bereris» diýdiler. Baýyò
beren zatlary ýadymyzda, bizem hoºuò atasy ölmändir,
“Hoº” diýdik. Otludaky oruslaryò arasynda bir ak
telpekli türkmenem göze ilýädi. Soò eºidip otursam, ol
gyzyl gojalynyò Atçapary ekeni.
Alan goºumyz bolmady, yza çekildik. Äý, biz-ä
näme, bir ulurak ýylgynyò üstüne donumyzy atyp,
kölge edindik-de, ondan-mundan gürrüò ediºip ýatyber160
dik. Iýmäge azygymyz bar, içsegem derýadan tüòçäni
dolduryp, oda goýaýmaly.
Ine, bir gün giçlik pinek edip tursam, töweregimde
adam ýok. Birazdan ýoldaºlarym ýene-de donlaryny
süýreºip geldiler. Gully emin bilen Akynyýaz Mämet,
Atçapar üçüsi gelenmiº. Olar ili ýygnap:
— Oglanlar, öýli-öýleriòize dargaò. Ol gala size
aldyrjak gala däl. Zykowyò gepine gitseòiz, siz ardurja
ölersiòiz. Ak patyºany tagtyndan agdarmaga hötde
gelen bolºewik, indi size-de, siziò Zykowyòyza-da hezil
bermez! — diýip, wagyz edipdirler. Aý, ºu gürrüòden
soò adamlaryò göwni bölünip, mazasy bolmady. Iki bir,
üç bir bolºup, syp berip gaçmak bilen boldular.
“Türkmeni göçürjek bolsaò, ýanyndan göç geçir”
diýleni ýene-de bir gezek hakykatlygy tassyk boldy.
Bizlerem ºol gije göterilip gaýtdyk.»
...Bir ýola Atçapar ºähere gelip, yzyna Guºga barýan wagty ýolugruna aýal doganynyòka sowlupdyr.
Muny kimdir biri Rahmanýaz hanyò gulagyna ýetiripdir. Ol-da öz gezeginde Türkmengala Durdy tentege
atly iberipdir. Rahmanýaz han ony öz eli bilen öldürmäge
onuò ilinden, hem öz aýaly Zeýtune hanyò soòky
gazabyndan çekinýän ekeni. ªonuò üçinem ol Atçapary
ýok etmägi Durdy tentek bilen öòden dilleºikli bolupdyr.
Obanyò ilersinde onuò görnerine garaºyp duran
Durdy tentek duýdansyz gapdaldan çykyp, Atçapary
ok-ýaragyna elini ýetirmän atypdyr. Ýöne onuò ölüminde Rahmanýaz hanyò eliniò barlygyna hiç kim
161
ºübhe etmändir. Atçaparyò dosty, halky Gyzyl Baýdagyò töwereginde jebislemekde uly iºler bitiren, häzirki döwürde respublikanyò ýolbaºçy iºgärleriniò biri
bolup ýetiºen Täºli Annamyrat il içinde Rahmanýaz
hanyò ýüzüne durupdyr.
— Sen mönsüräp hiç zatdan habarsyz bolan bolma,
han! Sen türkmeniò gülüò seçegi ýaly ogluny, Leniniò
Gyzyl Goºunynyò merdana esgerini ýok etdiò. Indi
seniò günüò durlanmaz!...
Atçaparyò ölümi, Rahmanýaz hanyò töwerigindäki
köp sanly adamlaryò serpilmegine sebäp bolupdyr.
Zeýtune han Atçapar Taýyrowyò ölen güni baºyna
atan ýas bürenjegini henizem aýyrmanmyº...
Ýola çykan wagtymyz biz il içinde ady rowaýata
öwrülen Gyzyl esger Atçaparyò guburynyò öòünde bir
salym at baºyny çekip geçdik. Gerçek ýigit bir tümmek
gum bolup ýatyr. Onuò guburynyò üstünde ýadygärlik
gurmak göz öòünde tutulan borly. Ol ºäherjigiò orntasynda, adamlaryò gelim-gidimli ýerlerinde jaýlanypdyr.
Wagt geler, halk öz bagty üçin göreºde wepat bolan
esgerleriniò hemiºe öz aralarynda bolmagyny isläp, onuò
Zeýtune hanyò gözünde galan atyny säpjedip, Guºgy
bolºewikleriò arasyna gaýdyp baran heýkelini gubur
üstünde döreder. Heý, Atçapar ýaly ogly bolmadyk
halkam bir göz öòüne getirip bolarmy? Ýolötende Guºga
çenli islendik gürrüò Atçapara direýär.
Men onuò guburynyò baºynda durkam, ýene-de bir
gezek ol hakynda eºiden zatlarymy ýatladym, entek
ýene eºitmedik zatlarymyò näçedigi hakynda oýlandym.
162
...Guºga tarap biz pikirimizdäki Atçapar bilen üç
bolup ýola düºdük.
***
...Pikirimde häzir men ýene-de Leningradda. Alnymda Smolnyý. Birmahalky ýagan gar onuò daº töweregini ak deòze öwrüpdir. Rewolýusion göreºiò merkezi
bolan Smolnynyò öòi sütünli ak jaýy mermer ymarata
meòzeýär. Garaòky düºüp, birçak köçelerde aýak ýygnanypdyr. Girelgäniò öòünde sakçy ikiýana gezmeleýär, käte durup aýaklaryny bir-birlerine tarp-tarp
kakyºdyrýar. Töweregine garanjaklaýar. Soòundanam,
ýene-de adaty gatnawuny dowam edýärdi.
Men indi birreýämden bäri Smolnynyò garºysyndaky
oturgyçlarynyò birinde onuò gapysyny nazara alyp
otyryn. Göwnüme bolsa, hä diýmän ol ýerde Wladimir
Iliçiò tanyº keºbi peýda bolup, özüme garºy ýöräp
gaýdyberjek ýaly bolup dur.
Garaºdym, ýöne W. I. Lenin wagty bilen gara
bermedi... Leningraddan Türkmenistana gaýtmazymdan
birki gün öò men Smolnynyò öòünde durup, ºu pursady baºdan geçiripdim...
***
Düýn myhman ýerimizde otyrkak, ýer-suwdan gürrüò çykanda Soltanbendiò ady ýene-de agzalypdy.
Gadymy Merwiò taryhy bilen gyzyklananymda ol bendiò
ady maòa ençeme ýerde gabat gelipdi. Ýazgy galdyran
taryhçylaryò ählisi-de bir-birinden habarsyz, dürli asyr163
lardan bu ýere gelendiklerine seretmezden, hemmesi
dilleºen ýaly ºol bir zady, Murgap derýasyna gurlan
Soltanbendiò Merwiò Merw bolmagynda uly rol oýnanlygyny biragyzdan nygtaýardylar. Gürrüòçilikden men
bende ýakyn gelendigimizi aòdym. Bendiò kagyz gatlarynda galan taryhy bilen gyzyklananym üçin, onuò
bilen duºuºygyò köne dosty bilen duºuºyk ýaly ýakymly boljagy hakynda oýlandym.
Ýeri gelende bolsa Hommada: “ªol bende gidip
göräýmeli ekeni!» — diýip, oòa ºol ýere gitmäge göwünjeòligimi hem duýdurdym.
— Ýüz ugrumyza deger-de geçäýeris. Ol biziò
öòümizde, onsoòam, Andreý Andreýewiç, ýeke ol däldir,
bu öwrede bent bary bardyr. Jynly bent, Çaòly bent,
Gyzykly bent.
Hommat bu bentleriò adyny, haýsyny göreris diýseòiz baraýarys diýen äheòde aýdyºdyrdy. Soòundanam Kerim hanyò obasyna gidenimizde, onuò duºundan
geçendigimizi, ýada düºen bolsa ºol wagt hem sowlup,
bendi synlamaga mümkinçiligiò bolanlygyny ýatlady.
Biz hoºlaºyp ugramakçy bolanymyzda, Hommadyò
bu ýere gelenimiz bäri adyny tutman “daýy» diýip,
ýüzlenen uzyn boýly, bili bükülip ugran ýaºulysy Ýazguly
aga atlaryò gapdaly bilen ýöräp, bizi ýola çenli ugratdy. Guºgudan dolanyp gelýärkäk ýene-de öz öýünde
düºläp geçmelidigimizi talap edijilik bilen aýtdy: “Häzir
ýaz diòe ýylan-içýan däl, hökümedi hasap etmäsi gelýän ýylanlaram az däldir, bir ýanyòyzy oba edip
ýöräò, ºonda aòsat hiç kim size batyrynyp bilmez”
164
diýip sargaºdyrdy. Soòam esli wagtlap biziò yzymyzdan
ellerini owkalaºdyryp, ýene-de haýsydyr bir diýjek
zadyny huºunda ýitirip tapmaýana meòzäp durdy.
Dem-dynjyny alan atlarymyzy ýene-de Guºgy ýoly
bilen sürüp ugradyk. Birsalym Ýazguly aga hakynda
gürleºenimizden soò, biz ýene-de hälki Soltan bentli
gürrüòlere dolanyp geldik.
...Soltan bent 1072-1092-nji ýyllar aralygynda Seljuklar döwletiniò soltany Mälik ºanyò permany bilen
gurlupdyr... Çingiz hanyò goºuny ony ýer-ýegsan edipdir.
1728-nji ýylda Nedir ºa awºaryò inisi Ibragim han
Marynyò özüne boýun egmeýän halkynyò üstüne gelende, ºäheri dyza çökerenden soò, bendi hem ýykdyrýar.
Ýöne wagt ýene bir gezek, ýurda bendiò gerekdigini
subut edipdir. Ony täzeden dikeltmek niýeti bilen Nedir
ºa aladalanyp ugrapdyr. 1733-nji ýylda ol Hamadan
ºäherinde ýörite maslahat çagyrypdyr. Maslahata gelenleriò köpüsi bendi täzeden dikeltmegiò mümkin däldigini
aýdypdyrlar, bende sarp ediljek harajady, Merwde çuò
guýular gazmaga sarp etmegi, ºeýdip ºäheri suwly
etmegi maslahat beripdirler.
Berlen maslahatlaryò hiç birisi-de Nedir ºa awºaryò
göwnüne jaý bolmandyr. Bir gün bolsa ol ukudan
turansoò: “Düýº gördüm, düýºümde ýanyma Hydyr ata
gelip: “Bendi Ibragim han ýykdy, indi ony ºonuò özüde dikeltmeli...» diýdi” diýipdir.
165
Birnäçe günden Ibragim han agasynyò Horasanyò
merkezine öwürmek isleýän ýeri Merwe ugrapdyr. On
müò adam bendi 40 gün diýlende gurup gutarypdyr.
Ýöne gurlan gününiò ertesi ony suw böwsüpdir. Bendi
diº-dyrnak bolup guran adamlar, suwuò eden weýrançylygyna serediºip aglaºypdyrlar. Öò goýberilen
ýalòyºlyklary hasaba alyp, öòki pikirleri has-da ösdürip, bendi täzeden dikeldipdirler. Adamlar suwy öz
erkleri-niò çägine salypdyrlar. ªundan soòam Soltanbent dürli döwürlerde telim gezek ýykylyp dikeldilipdir.
Baýramaly han hem öz hanlyk süren ýyllary ony
dikeltmegi niýet edinipdir. Nedir ºanyò göreldesine eýerip, gurluºyga baº edip öz inisini ýollapdyr. Ala iki
ýylyò dowamynda Murgaby bentlemek baºardypdyr.
Ýöne bir gije hemmeler süýji ukuda ýatan mahaly,
bent böwsülip, jylawyny baºyna çolap gözüniò gören
tarapyna yòdarylyp gidipdir. Aly goºa nogala atdyryp
suwuò öòüni almaga synanyºypdyr, ºol tutda-baslyda
aºakda duýdansyz peýda bolany üçin, ýokardan goýberilen nogala ony girdaba äkidipdir.
Baýramaly hanyò ºu waka çenli ady Baýram ekeni,
inisini derýa aldyransoò onuò adynyò ýerde ýatmazlygyny isläp, ol öz adynyò yzyna inisiniò adyny goýup,
Baýramaly han bolupdyr.
Hommat bir ýola kibir bolup epäp ýere siòip barýan, ýaz gunleri duýdansyz öòünden çykýan ýagyº
suwundan dörän köljagaza meòzäp, ot-çöpleriò arasynda
tegelenip oturan depäniò gabadynda atynyò baºyny
çekdi.
166
Eºidip otursam, bu ýerde bir wagt baºy otuz-kyrk
metrlige ýetip seleòläp oturan diò bolan ekeni. Mary
häkimlerine häli-ºindi bendiò ýagdaýyny bilip durmak
zerur bolupdyr. Bendiò böwsülmegi ºäher üçin hemiºe
howply ekeni. Duýdansyzlykda ýykylaýsa, onuò köp
weýrançylyklar etjegi ikuçsyz bolupdyr. ªonuò üçinem
galada Soltanbent üçin bada-bat ýetiºmek üçin ýörite
goºun hem saklanylypdyr. Bent bilen Mary aralygy
ýakyn bolmansoò her ses ýetimlikde, ºeýle diòleriò
birisi gurlupdyr. Birinji diòiò ikinji diòe, ikinjiniò bolsa
üçünji diòe “Bent abat», “Bent howp astynda» diýip,
gygyrmagy bilen bendiò habary her sagatda Mara
ýetirilip durlupdyr. Diòlerde hanlyk tarapyndan goýlan
ýörite ynamdar adamlar oturypdyr.
Soltanbendiò suw howdany gamyºlaryò gabawynda
inedördül giòiºlik bolup çaýkanyp ýatan ekeni. Ir säherden
bäri günortadan öwüsýän ºemal onuò ýüzüni owunjak
tolkunlardan doldurypdyr. Gün onuò ýüzünde alowlap
ýanyp duran oda meòzeº altyn öwüºgünleri döredipdir.
Bir ýerlerden gurbagalaryò gatyraw sesi gelýär. Köli
synlap durkak, gurbagalaryò wagtal-wagtal arasy kesilip, soòundan ýene-de ºol öòki göçgünde ýaòlanýan
sesleri “Çal-ty-rak», “Bat-ly rak» diýip, tolkunlaryò has
ulalmaklaryny isläp, göhi gelip, öjükdirip gygyrýana
meòzeýär.
Soltanbendi iò soòky gezek 90-njy ýyllarda Buhar
hany ýykypdyr. Rus administrasiýasynyò gelmegi bilen
Soltanbentli meselä ýene-de täzeden dolanyp gelinýär.
1887-nji ýylda Peterburgda senat “Murgap ýakasyn167
daky ähli boº ýerleri patyºa mülki diýip kabul etmeli,
hem-de ony, Patyºanyò Murgapdaky mülki” diýip atlandyrmaly diýip ýörite karar çykarypdyr. Patyºa
mülküniò umumy meýdany 103908 desýatin ýer bolupdyr.
Bizi görüp, bendiò suwuna gurlan elektrik stansiýanyò jaýyndan, elini ýagly esgi süpüriºdirip, tegelek
ýüzli kyrk-kyrk bäº ýaºlaryndaky rus adamsy çykdy.
Bu elektrik stansiýa patyºanyò Baýramalydaky mülküniò
merkezini hem-de ol ýerde gurlan ýag zawodyny göz
öòünde tutulyp gurlupdyr.
Russiýadan alysda özüme gabat gelen ildeºimi begendirmek niýeti bilen men rusça gürläp, oòa özümiò
kimdigimi aýan etdim. Ýöne meniò sözlerim bu gümbaº
görünýän adamda hiç hili üýtgeºme döretmedi. Biz ony
gürrüòe goºmak niýeti bilen ondan elektrik stansiýanyò
haçan gurlanyny, gurluºyga ýolbaºçylyk eden adamyò
kimdigini soraºdyrdyk.
Ol ýagly esgi bilen howlukman, barmaklarynyò
hersini ýeke-ýekeden aýratynlykda süpürip durºuna,
bizi diòläp: “Men näbileýin» diýen manyda boýnuny
ýyg-ryp, kibtini gysdy. Soòundanam: “Kuzmiç-ä bilse
bilerdi» — diýip, bu ýerde bir ýok bir adamy ýatlady.
Biz Kuzmiçiò häzirki gürrüòdeºimizden parhly bolaýmagynyò mümkindigini, ol gelse ondan täze bir
zatlar eºidip, gürrüòdeºimizden Kuzmiçi soradyk.
— Hany onda çagyr Kuzmiçi.
— Kuzmiç ýok.
— Nirik gitdi?
168
— Ol Worone e iline gitmegi niýet edinýärdi, ýöne
ol geçen ýyl öldi. Türkmenler ony äkidip öz öwlüýälerinde jaýladylar.
Bu adam bilen öz islän gürrüòimiziò bolmajagyna
biziò gözümiz ýetdi. Bendiò üstünde durup töweregimizi
synladyk, deòiz bolup duran suwuò gatladan geçiºine
tomaºa etdik. Gatlanyò ygynda, suwuò bat bilen tüwdürilip çykýan ýerinde balyklar häli-ºindi segreºip, özlerini asmana zyòýan ekeni. Olar her gezek atylyºyp
çykanda, suwuò ýokarsynda lowurdap kümüº bölegi
peýda bolan ýaly bolýar. Biraz howada saklansoòlar
bolsa olar ýene-de pa yldap suwa düºýärler. Bu balyklarda köpelmäge höwes döräp, suwa öz iºbillerini
taºlap ugrandyklarynyò alamaty. ªeýle seredeniòde
bolsa bu ýer balyklaryò “kim ýokary-da, kim ýokary”
bolºup böküºýän ýerlerine, özboluºly hyjuw bilen ýerine
ýetirilýän tansa çalym edýär.
Suwuò köw urýan ýerinde bir gaýyk iltengi dur.
Gaýygyò içindäki balyklary synlap, men onuò bu
ýerde ýönelige durmanlygyna, balykçylyk edýänine
gözümi ýetirdim. Gaýykdaky balyklaryò birisi öòräk
düºen bolmaly, ol uzynlygyna süýnip ýatyºyna agzyny
öweldip, käte bir ýuwdynýar. Näme bolsa bolar-da
diýip, urunmakdan aryp, özüni ykbalyò eline berene
meòzeýär. Balyklaryò ikinjisi bolsa eplenip-ýazylyp közüò
üstünde bökjekleýäne çalym edýär, segräp-segräp özüni
ajalyò elinden sypdyrmaga, suwuò gujagyna öwrülip
barmaga çytraºýar.
169
Bu görnüº Peterburga, onuò tokaýlarynyò eteginde
surat çeken, tebigat synçysy bolup balyk tutan, ýüzüme
tüsse urduryp balyk çorbasyny taýynlan günlerimi meniò
ýadyma saldy. Häzir bu ýigit bize çaýlap geçmegi
mürehet edäýse, gör, men nähili tagamly balyk çorbasyny taýynlardym...
Emma ýigit meniò islegimi duýmady. Onuò özüni
alyp barºy, meniò birwagtlar ºeýle adamlar meselesinde: “Töweregini, özüni görmegi baºarmaýan adamlar
parhsyz bolýar» diýip, gelen netijämi ýene-de bir gezek
tassyklady. Yzymyza gaýdyp, ikilenç bendiò üstüne
çykanymyzdan soò, men durup, aºakdaky türkmen
öýlerinde gabat gelýän sallançaga meòzäp, üwrelip duran balykçy gaýygyò suratyny çekdim.
Hommat atlary ota goýberen ýerinden gidip getirensoò, biz Guºga ýakynlap barýanymyzy ýatlaºyp,
ýene-de ýola düºdik.
* * *
Gadyrdanym Marina, seni-de, gyzjagazlarym —
jadyjyklarymy-da diýseò göresim gelipdir... Biz bolsa
Guºga, ýurduò günortasyna barýarys, anyk bilemog-a
welin, oòa çenli entejikler ýöremeli bolsa gerek, Hommad-a: “Andreý Andreýewiç, indi Guºga ýakynlaºdygam”
diýýär. Ýöne men türkmenleriò “ynhajygyna” indi biraz belet boldum. Olaryò “ynhajygy” bäri-bärde bolmaýar. Ata çykanyma welin, biraz ýadaýan-da bolsam,
begenmesem gynanamok. Öòem seniò ýanyòda telim
gezek ýatladandyrynla, çaga wagtlarym ejem pahyr
170
köçelerde sygan aýallary bilen duºulanda, olar pal
atarman bolup ýanymyza gelende pal atdyrman, meniò
baºymy sypalap: “Gowy dileg diläò meniò ogluma!»
diýip, hökman olara bir zatlar eçilerdi. Onuò bu häsiýeti
käte kakamyò: “Olga, görýän welin seniò ºu syganlar
bilen bir garyndaºlygyò-a bar, sen bulary görseò, öz
halyò bilen bolaòok!» diýip, degiºmesine-de sebäp bolýardy.
Gezen ýerlerimi, gören ýurtlarymy ýatlan mahalym,
men ºol syganlar maòa hem ejem gowy dileg diläò
diýse, özleriniòki ýaly gezendeligi dileg edendirler, hut
ºonuò üçinem ykbal meni bir ondan, bir mundan
çykarýandyr diýip pikir edýärin. ªundan gowy ol
bendelerde nähili gowy arzuw bolup bilsin ahyryn.
Otly bilen bu ýoly geçen bolanlygymda, gör, näçe
zatlary görmän, duýman duºumdan geçirjek ekenim.
Häzir ýaz. Aºgabatdan çykanymyz bäri, üýºüºip-çaºyºyp
ýören bulutlar biziò depämizde. Aºakda bolsa ýaz
otlary güldür-ýaprak bolºup, dünýäni eýeleºip otyrlar.
Bu iliò ýazy biziò tomsumyzy ýadyòa salýar.
Häzir biz Tejen derýasy bilen Murgap derýasynyò
aralygyndaky çägesöw, baýyrly meýdan bilen barýarys.
Asman ygalyny ýetirse, bu ýerde her ýyl ot-çöpüò
baºyna gören ýaly bolýandygyny gürrüò edýärler. Bu
ýerde goýun sürüleri-de baºga ýerlerdäkiden has köp
gabat gelýär. Yzyna ikiden-üçden guzy tirkän goýunlar, bir ýerden baºga bir ýere yzyn-da-çuwan bolºup,
göçüp barýan obany ýatladýar. Ir çykar melewºe güller
171
sowluºyp, onuò ýerini gyzyl gülälekler eýeläpdirler.
Olar baýyrlaryò etegini gyzyl meýdana öwrüp otyrlar.
...Çingiz han çozuº edip gelýärkä, bir gije ºu ýere —
Badhyza gelip düºläpdir. Ol ertir irden oýansa, gyzyl
güller onuò çadyrynyò töwereginde owsunyp, deòiz
bolup oturanmyº. Çingiz han diliniò astyna nas atan
ýaly bolup, ýarydan deºilen ýaly gyýyk gözleri bilen
töweregini synlap, birsalym özüniò nireden gelip, niräk
barýanyny-da unudyp, meýmiräp oturypdyr...
Bu gürrüòi diòlänimden soò, meniò ol ºol ýerden
yzyna gaýdyberen bolsa dünýä üçin, gör, nähili gowy
bordy diýen pikir kellä geldi. Bu gülleri ýerli halk bir
ulanýar welin, güller soòundan olaryò dokan halylarynda, palaslarynda öz gül ömürlerini dowam etdirýärler.
Häzir daº-töwerek imisalylyk hem çola, düýn giç
öýlänler oba ýetirmän, bizi ýolda çem gelen yklawa
gaçyp girmegimize sebäp bolan bulutlaryò häzir birisi-de ýok. Gün depede barlygy üçin bolsa, adamsynyò
töwereginde barlygyny duýýan gelin ýaly dünýäniò
göwrümi giò. Günüò dogmagy bilen ot-çöpleriò aºagynda
kapaslyk döreýän bolmagy hem ahmal, mör-möjekleriò
aglaba-köpüsiniò ümzügi, otlaryò üstüne, ºemala degere
tarap.
Marina, sen meniò çeken, çöpe çykyp, pors atyp
hondan bärsi bolup, kimdir birinden ýüzüni sowana
meòzäp oturan jandarjygymyò suratyny, onuò gülkünçdigini bir görsediò! Ýerli ilat ony “kelpese» diýip atlandyrýar. Görseò onuò çöp üstüne çykyp, özünden
172
özgäni hasaba almaýan ýaly bolup oturyºy seniòem
gülkiòi tutdyrar.
Tas, ýadymdanam çykaryberen ekenim, ýaz çyglyk
hakda gürlesem, sen meniò bilagyrymyò her ýyl ýazda
gozgaýanlygyny ýatlap alada galýansyò. Men-ä ony
indi unudyberenem ekenim. Bilagyrym Mara ýetýänçägem biraz bildirdi. Bu ýere gelip, men Abdyryzak atly
bir türkmene duºdum. Onuò kimliginden habar bermek
üçin ýekeje mysal aýdaýyn.
Mara bir ýola ýumurtga gerek bolupdyr, ýöne ol
bu ýerde ýeterlik ýok ekeni. ªonda Abdyryzak gidip,
Hywadan ýigrimi düýe ýüki ýumurtga getiripdir. Men
düýelem bir uzak ýoldan ýumurtga getirip bormy
diýsem, adamlar maòa: “Abdyryzak bolsaò, getirip bor”
diýdiler.
Bilagrymyò azar berýänini eºidip, ol maòa üç gün
irden alagarganyò etini iýmegi maslahat berdi. Ilki
men muòa “Bu-da bir gürrüò arasynda ugra oturmazlyk üçin aýdylan emdir-dä, her kim öz peýda gören
emini salgy bergiç bolýar” diýip, parh bermedim. Ýöne
ol oglanlyryna bir alagarga tutduryp getirensoò, men
ony Abdyryzagyò maslahat berºi ýaly edip, üç bölüp
iýmeli boldum, Hommadam gargaly gürrüòi eºidip,
bolan ýerlerinden onuò birisini tutup getirdi. Dogrudanam,
ºol iki alagarga bilen hasaplaºanymdan soò, bilagyrym
mese-mälim ýan berdi. Gitdigi gitdigi bolsun-da hernä.
Öò alagarganyò etini iýip görmändim, görüp otursam,
ol iýmezçe guºam däl ekeni.
Nazarowa duºsaò salam diý!
173
Men ony soòky döwür häli-ºindi ýatlaýan. Goý, ol
hem bilagyrysyndan dynmak isleýän bolsa, bu ýere
gelmäge taýynlansyn. Oòa-da bir ala garga tapylar. Ol
maòa bu ýerde ýadygärligi gurmak üçin diýseò gerek
boljak.
Ýadygärlik hakynda häzir saòa aýdyp biljek zadym
ýok. Gije-gündiz ºonuò pikirinde. Taryha gidip, ºu
günki güni synlap, oýlanyp-pähim edip belli bir netijä
gelip bilmän, döredijiligiò kösenme pursadyny baºymdan
geçirýärin. Umuman, bu barada soòra, giòiºlikde aýratyn
gürrüò ederis. Sag-salamat oturyò. Indi hatymy guºga
ýetip, ºol ýerden ýazaryn. Gyzlarymy men bolup, gujaklap ogºa!
Siziò kakaòyz A. A. Karelin.
* * *
Biz atlarymyzy öz maýdalyna sürüp gelýärdik. Gün
batar ýerine ýakynlaºyp, özüniò bu günki ömrüni aýaklap barýardy. Biziò töweregimizde uzakly gün, kä özüniò
güneý tarapyny, käte-de guzaý ýapylaryny çoýup, tylla
ºöhleler bilen oýnaºyp keýpden çykan meýdan meýmiräp
otyrdy. Indem töwerek onuò iò soòky goýy-gyzyl ºöhlelerini öz süòòüne siòdirýärdi. Günüò ýüzi welin agyr
görünýär, oòa uzakly gün yhlas bilen çoýan, süòòüne
ýyly ýöreden dünýäsini terk edip gitmek ýeòil däl
bolarly. Gülleri burk urýan meýdanlaryò, ýagyº suwdan
emele gelen köçeleriò üsti Günüò ºöhlesi bilen goºulyºyp,
tutaºyp-ýaýrap barýan oda meòzäp lowurdaýar. Biziò
sag tarapymyzda Pendi baýyrlyklary halka-halka bolºup,
174
demirgazyk-günortalygyna ýaýrap otyrlar. Ol baýyrlar
Hindistan diýip barýan kerweni ýadyòa salýar.
Ýeòseden at aýagynyò dükürdisi gulagyma eºidilen
ýaly bolsa-da, men oòa ilki ähmiýet bermedim. Onýança Hommat gyzygyp ugran gürrüòini goýup, atynyò
baºyny çekdi-de, özüniòem bu dükürdini eºidenini mälim
edip, ýeòsesine gaòrylyp seretdi.
ªonda biz allaowarradan özümize tarap atlaryny
ýüzin salºyp gelýän alty-ýedi adamy gördük. Hommat
ilki birsalym olaryò kimligini bilmek niýeti bilen içgin
synlap durdy. Meniò bolsa Ýolötenden ugramankak
aýdylan gürrüò ýadyma düºdi.
Ýolöten otrýadynyò komandirleri biziò galan ýoly
hem atly dowam etdirmekçidigimizi eºidip, töwerekde
entek Guºga hüjüm eden aklaryò polkownigi Zykowyò
dargadylan goºunynyò adamlarynyò duº gelinýänini,
Kerim han, Durdy tentek ýaly gorkmasa sylamajak
adamlaryò hem barlygyny aýdyp, habardar bolmagy
sargapdy.
Hommat synlap-synlap, olaryò rejesiniò geò däldigine gözüni ýetirensoò, maòa tarap öwrüldi.
— Andreý Andreýewiç, siz ýüzin salyp at çapyp
görüpmidiòiz?
— Ýaºlykda bolmadyk zat ýokdur.
— Onda siz ýene-de bir ýola ýaºlygy ýatlaò! Gaýrat
ediò! Atdan ýykylmajak boluò! — Maòa gaçmalydy
gymyz mälim boldy. — Onsoòam meniò sözümi berk
belläò. Häzir gaçmaly, bir oba ýetmeli. Maòa ýolda bir
zat bolaýsa-da, siz yzyòyza dönmän gaçmaly. Baran
175
ýeriòizde “Men Gaýgysyz Atabaýewiò adamy» diýseò,
saòa eýe çykarlar. Ýüzüòi gaýralygyna tut-da gaçybergin, ºol tarapda oba bolmaly...
Hommat bu sözleri sapançasyna ok sürüp, atyºyga
taýyplanyp durka aýdyºdyrdy. Ol gelýänleriò oòly
adamlar däldigine biziò ikimiz hem kemsiz ynandyk.
— Senem menden galma! — diýdim-de, atymy
gyssap, çapyp ugradym.
Hommat hem meniò yzym bilen atyny ýüzin saldy.
Yzdan gelýänler biziò gaçýanymyzy görüp, wagºy gykylyklary bilen gygyryºyp, tüpeò atyºyp, bizi aljyraòòylyga salmakçy boldular. Menden ozup gitmäge mümkinçiligi bolsa-da, Hommat howlukmady. Ol maòa atlylaryò
okunyò geläýjek tarapyny gabalap çapdy.
Bir gezek gaòrylyp yzyma sereden wagtym, men
Günüò indi has aºak düºüp, özümize gönügen mis
topuò agzyna meòzäp hyýrsyzlyk bilen seredýänini, bäº
sany atlynyò bolsa hut ºol ýerden atylyp goýberilen ok
ýaly bolºup yzymyzdan gelýänlerini gördüm. Hut
çekäýmeli surat ekeni diýip oýlandym. ªol arada bir ok
gulagymyò golaýyndan sykylyk atyp geçdi. Meniò häzir
näme hakda oýlanmalydygymy ýadyma saldy. ªundan
soò meniò yzyma seredesim gelmedi. Jylawy deòläp,
has-da tijenip gaçdym. Hommadyò ýagdaýyny hem
yzymdan eºidilýän tüpeò seslerinden özüm üçin anykladym. Kowgularyò tüpeòiniò sesi maòa uzakdan, özi-de
basyksy eºidilýärdi. Golaýdan eºidilýän gümpüldi bolsa,
Hommadyò kowgulara berýän jogabydy.
176
At çapyp barºyma men öòden tilkidir-ºagal ýaly bir
jandaryò, guº-gumursyò duýdansyz göterilip atymy
ürküzmezligini dileg edýärdim. Yzymdan maòa degjek
oky gursagy bilen almaga taýyn bolup gelýän, gyssagly
pursatda harby adamlar ýaly netijä gelip bilýän ýoldaºyma
azar bolmasam-da ýagºydyr diýip aladalanýardym.
ªu iò soòky syýahatyò bolaýmasyn, Marka Pola
diýen pikir hyýalymda gezmeleýärdi.
— Andreý... Andreýewiç, öwlüýä tarap gaçyò!
Hommadyò aladaly sesi meni töweregime garandyrdy. Gara görnümde ýeke oturan metjit sypat depesi
gümmezli jaýy gördüm. Maòa ºol tarapa gaçmalydygym belli boldy. Bada-bat atymyò baºyny gümmezli
jaý tarapa öwürdim. At meni tizden, gabyr tümmekleriniò arasyna getirdi.
Ýeòsämden at toýnagynyò sesini eºidip, Hommady
görerin pikir bilen gaòyrylyp sereden wagtym onuò at
üstünde ýoklugyny görüp, erbet bir iº bolandyr öýdüp
howpurgandym. Howa ýetmeýän ýaly daljyganymy,
inimiò lowlap gidenini duýdum. Bu umytsyzlyk pursady bary-ýogy birnäçe sekunt dowam etdi, ýöne bu
mütdet maòa ýoldaºyny ýitirmegiò nämedigini kemsiz
düºündirmäge ýetiºdi. Golaýda tüpeò atyldy. Men Hommadyò sapançasynyò sesini tanadym. Bu ses meni
özüme getirdi, üsti boº aty gören wagtym bir ýaòa
ýitirim bolan sowujak ºemaly ýene-de ýüzümi ýelpedi,
ýezgen ysy burnuma urdy.
Hüjräniò arkasyna aýlanyp özümi dürsäpdürsemänkäm, Hommat aòyrdan ypyrylyp ylgap geldi.
177
Ol öwlüýä giren ýerinde atdan düºüp, ony bärligine
kowup, özi atyºmak üçin ºol ýerde galan ekeni. Meni
üsti boº at diýseò gorkuzypdy, elimem, ýüregimem
maýdaja tolkun bilen sandyraýardy, atdan düºmäge-de
mende rowgat ýokdy.
Hommat muny duýan ýaly, gelensoò gujaklap meni
atdan düºürdi.
—Andreý Andreýewiç, ýaralanyp-zada eden dälsiòiz-dä? — diýip aladalandy.
—Ýok, gadyrdan...
— ªükür. Galan zadyò bir alajy bolar.
Yzdan kowup gelýän at aýaklarynyò sesi öwlüýäniò
çägine ýetip, duýdansyz kesildi. Iòrik garalyp ugranlygy üçin töweregi saýgarmak aòsat däldi. Kowgular
indi ok atsa öwlüýä ok atdyklary boljakdygyna düºünen
borly, ºundan soò bize tarap ýekeje ok hem atylmady.
Öz aralarynda jedelleºýän bolsalar gerek, wagtal-wagtal
ol tarapdan hümürdi eºidilýär. Öòden derýa peýda
bolup, kowgular bilen arany bölen ýaly boldy. Birsalymdan aralykda bar ýaly bolup duýulýan derýanyò
ol kenarynda duranlaryò jany ýangynly, gyjalatly sesleri
eºidilp baºlady.
— Eý, namartlar, çykyò-eý öwlüýäden!
— Sizdenem bir erkek kiºi bolarmy ýa-da siz ºol
“Etegne el ursam... çykypdyrlardanmy?”
— Hä, seniò bir...
Olaryò bu bolºy, garagollugy üçin tutup urma niýetine münen, eline taýak alyp, onuò yzyndan ýetip
urmakçy bolup ylgan aýalyò ol oglanjygyò ýetdirmän
178
suwa urup gidenini görensoò, alaçsyz galyp, onuò yzyndan sarnaºdyrýan sögünçlerini ýadyna salýardy.
Kowgularyò gürleºip duran tarapyndan ýene-de birsalym olaryò özara hüòürdisi wagtal-wagtal eºidildi.
Ýöne bir bähbit ýeri olaryò hiç birisi-de öwlüýäni
atyna depgiletmäge milt edip bilmedi. Bizden-ä çekinmese juda bir çekinýän däldirler welin, ýöne olar
öwlüýäniò gazabyndan çekinýän bolmaly diýip, men
bu ýagdaý hakynda özümçe netijä geldim.
Birsalymdan ol tarapdan ýene-de biriniò, biziò çetimize
degme maksady bilen aýdan gyryljyk sesi eºidildi.
— Ýatan ýeriòiz ýagty bolsun, eý, wenezzynalar!
Biz ýene-de jogabyny bermedik. ªundan soò hümürdiler galyp, ºemalyò bulut “obalaryny» öòüne salyp göçüriºi
ýaly, haýsydyr bir güýç olary hem süýräp äkiden ýaly
boldy. Ümsümlik içini çekip dymdy.
Hüjürä girilensoò, Hommat ýene-de aladalanyp
soraºdyrdy.
— Andreý Andreýewiç, ýaralanyp zat eden-ä dälsiòiz-dä?
— Ýok. Men gaçsam oka ýetdirýänmi näme?
— Gadymyýetde Görogly beg diýen bir türkmen
bolupdyr. Ol-da: “Gaçyºym bar, kowuºyma bermenem»
diýer eken...
— Ýeri, özüò niçiksiò?
— Gözüò aýdyò diýäýmelidir. Töweregimden okbary geçdi. Ýöne atym-a ýeòilräk ýaralandymykan diýýän.
— Ýaòky çapyp yzymdan ýetiº-ä onuò ýaralanana
meòzemeýär.
179
— Häzir gyzgynyna duýýan däldir. Durup biraz
sowaºansoò bellisi bolar. Budymy ýalap geçen ok onuò
bir ýerine-hä sümüldi. Hommat wagtal-wagtal kowgularyò galan tarapyna göz aýlap, sapançasynyò oklaryny
sanap janyny barlap oturyºyna maòa göwünlik berdi.
— Olar türkmen bolsa, öwlüýä ok atmaga het edip
bilmez. Indi siz özüòizi “bese» atan ýaly arkaýyn
duýaýyò, Andreý Andreýewiç! Galyberse-de, janam
süýjüdir. Göni gelip, batyrlyk edip bilmezler. Geläýselerem ýyldyrym uran ýaly boljaklaryna akyllary
çatýandyr. Onsoòam öwlüýä öwlüýädir. Ol köp zatlary
adamyò ýadyna düºürýändir.
Hommat maòa mytarasyndaky suwdan içirensoò tiz
geljegini aýdyp, bir hyýala münüp, töweregini garanjaklap, bukdaklap hüjreden çykdy. Men ol kowgularyò
ýeòsä çekilenini-çekilmedigini anyklamaga gidendir,
ýogsam onuò indi meýdanda näme iºi bar diýip oýlandym. Suw içemsoò ýüregimdäki aladadan dörän
saòòyldy mese-mälim azaldy. Arkaýynrak oturmak üçin
ýeòsämi hüjräò diwaryna ýaplap, aýaklarymy uzyn
saldym-da, gözleri-mi ýumdum.
Hommat öwrülip gelende, irkiliberen ekenim. Men
onuò aýak sesine oýandym. Ol hüjr-ä girip üst-baºyna
iliºen ot-çöpleri aýryp durºuna, kowgulardan habar
alanyny, soòundanam atlary aºak peslige äkidip otlar
ýaly edenini aýdyºdyrdy. Bolsa-da ok eýere degip,
onuò aty ýaralanman ekeni.
— Olar bizi häzir-ä birbada günümize goýan bolmaly...
— ªeýle bolsun-da hernä.
180
— Ýöne olar baºyny alyp giden-ä bolmaly däl.
Biziò çykaýjak bir ýerimizde garaºyp ýatan bolmaklary hem ahmal.
ªu gürrüòden soò maòa näme üçin bu ýerden
ugrap gidibermeýänligimiz, Hommadyò kowgularyò bizi
günümize goýup gidenine ynanmaýanyny bilenimden
soò belli boldy. Soòundanam ol, bu ýagdaýdan çykmak
üçin özüniò daºarda ölçerip-döküp, göwnüne jaý edip
gelen pikirini maslahat hökmünde orta atdy.
— Andreý Andreýewiç, siziò öwlüýä bilen gatnaºygyòyz nähili?
— Düºünmedim?!
— Siz öwlüýäden gorkýaòyzmy?
— Ýene-de saòa düºünmedim.
— Men kömek getirmäge gitmekçi bolýan. Öwlüýä
bar ýerde onuò töwereginde oba hem bolmaly. Siz
ýeke galanyòyzda...
— Maòa häzir öwlüýäniò gorkunçlygy ýok, ol
ýerdäki diri adamlar welin gorkunç.
— Biziò ilde “Eke bolup bir ýerden gelýärkäò
düºlenmekçi bolsaò, öwlüýä bar, ol saòa höwür bolar»
diýen bir gürrüòem bar.
Soò ol elindäki sapançasyny maòa uzatdy.
— Ine, munuò ýedi oky bar. Hüjreden çykmaò,
aòsat olar bu ýere gelib-ä bilmezler, ýöne ätiýaç üçin,
gerek bolanda, tark-turk ediºdiräýmäge. Men tiz gaýdyp geljek bolaryn, öz gyssagym özümde bolar. Men
elimi uzadyp, onuò pikiri bilen ylalaºandygymy, ºeýle
etmegiò gerekdigini aýdyp, onuò bilen hoºlaºdym. Hommat
181
çalasynlyk bilen töweregine garanjaklap, hüjreden çykyp, gijelige goºuldy.
Biziò pena gözläp giren ýerimiz öwlüýä
gonambaºysynyò guburynyò üstüne galdyrylan hüjredi.
Men onuò gabsasyz girelgesinden görünýän dünýä
bölegini: üstüne ot-çöp örten mazar tümmeklerini synlap, içimi hümledip oýlanyp oturdym. Aý dogup tutuksy garaòkynyò ornunda aýdyòlyk geldi. ªondan soò
töweregiò tümmekleri has-da köpelen ýaly boldy.
Uzakdan baýyr geriºleri salgym atyºyp göründiler.
Aý gaýkyjaklap, gelin ýöreýºini edip, oýtarlap barýar.
Gijäniò gelmegi bilen gözi çarhlanan ýyldyzlar, asmanda el ugruna pytradylyp goýberilen gymmat baha
daºlary ýadyòa salýar.
Hommadyò gidenine azyndan iki sagad-a geçendir,
belki, ondanam köpräk bolandyr. Onuò bolsa ºol gürümjürüm bolºy. Her gezek Aýa gözüm düºende, ºüý-ä
onuò niredeligini bilýändir diýip oýlanýan. Ol gelende
ýany bilen suw hem getiräýse-hä, baý, suw içesim
gelýär-ä. Heý, ºu golaýda suw ýokmukan? Gonambaºynyò
gabyrynyò töwereginde zyýaratçylaryò goýup giden
apbasy pullary, üstüne çaò syran çörek bölekleri ýatyr.
Bir küýze suw hem goýaýsalar bolmaýarmy. Häzir
küýzäni baºyòa çekip, erniòden suw sarkdyryp, onuò
janlyja sapajyklarynyò ýakaòda içiòe syrygýanyny duýup
bir içsediò... Hüjrä gelip girýän ýodajyk bilen ýelkildäp
gelýän tilkimi-ºagalmy, bir jandaryò sulbasy göründi.
Meniò ünsüme düºensoò o-da tiz saklandy, baºyny
ýerinden göterip, ünsüni meniò oturan hüjrämde jem182
ledi. Görýädimikän zalywat? Aý, ýok, ysymy alandyr
ýa-da nazarymy duýandyr. Onuò endik eden ýoly
bilen suwa barýan bolmagy-da ahmal. ªunuò yzyna
düºübersem, bu meni-de suwly ýeriò üstünden elterdi...
Belki, ol meniò barmaly ýerim däldir. Barylmaly ýer
bolsa Hommat meni bu ýerde galdyrmazdy.
Hüjräni dikanlap duran jandar, göwnüne bir zat
getirdimi, nämemi ýodadan sowlup, gapdala gitdi.
Hüjräniò edil ortasynda gonambaºynyò jesedi toprak bürenip ýatyr. Biten adam bolan bolmagy çemeli,
onuò gubury beýleki guburlardan mese-mälim uly. Wagtalwagtal kimdir biri bu ýere gelip, onuò töwerek-daºyny
syryp-süpürýäne çemli. Hüjräniò içi arassa, gapydan
giren ýeriòde bolsa, ýezgenden bili boglan sübse ýatyr.
Gijäniò gaýry bir mahaly uzakdan çilim baºynyò
gyzaryp gideni, hemem bir adamyò sudurynyò düýäniò
üstünde oturan ýaly leòòer atyp gelýäni göründi. Ilki
oòa gözüm düºende, Hommatdyr diýip pikir eden-de
bolsam, soòunden onuò goýaòsy hereketlerini synlap,
gartaºan göwredigini bildim. Ol gonambaºynyò hüjresiniò
deòine ýetende iki dyzyny ýere urup, elini kükreginiò
deòinden saklap, oòa seredip doga sanady. Eli bilen
ýüzüni sypandan soò bolsa ýene-de turup, küýkerip
aòyrlygyna gitdi.
Birhaýukdan onuò garagörnümdäki bir gubury gujaklap, sojap aglaýan sesi eºidildi. Ol agynyò arasy
bilen erkek adamlara mahsus ýogyn ses bilen goºgy
setirlerine meòzeº jümleleri zarynlap sanaýardy.
183
Göz boldumy, bilmedim,
Dil boldumy, bilmedim.
Öçdüò gitdiò, jan balam,
Men nämüçin ölmedim...
Bu bagtyýatan, bolup bilse perzendinden soòa galan
ata bolmaly.
Gije ogly ýüregine düºüp, öýünden janyna jaý tapman “huw» diýip, turup gaýdan bolmaly. Hut ºeýledir,
onuò wagty bilen ol ýerden gopasy gelmedi. Mazar
üstüniò gumuny ençeme wagtlap ýakymlyja ysly çagajygyò arkasyny sypalaýan ýaly sypalap, gaýgy-hesrete
öwrülip otyrdy.
Ol derdini bölüºip, ogly bilen hoºlaºan mahaly töwerekde gündizlige berimsiz aý-aýdyòlyk otyrdy. Hüjürä
giräýmese-de ýagºydyr, ºonda näderkäm diýip alada
galan-da bolsam, alaç gözlemeli bolmady. Pikirlerine
berlen ýaºuly bu gezek meniò oturan ýerimi hasaba
alman, hiòlenjiräp gapdalymdan geçdi.
Araryò ýok, kararyò ýok, dynmaz sen,
Gije-gündiz gan içer sen, ganmaz sen,
Ahyr ne belaò bar, soòun sanmaz sen,
Ýykylgyn, ýumrulgyn, doly dünýä heý!
Onuò özüçe heò berip aýdyp geçen agy gatyºykly
aýdymy wagty bilen meniò gulagymdan gitmedi.
Bu gören zatlarym meniò birnäçe wagtlap suw
içmek höwesimi unutmagyma sebäp boldy.
Daò atyberende, göni oba bardyr diýip çak edýän
tarapymda atyºyk baºlandy. Ol duýdansyz baºlaýºy
ýaly hem duýdansyz gutardy. Tizden men ol tarapdan
184
Hommadyò: “Andreý Andreýewiç, bu mendirin how» —
diýip, elini salgap ylgap gelýänini gördüm.
Hommat meniò çak ediºim ýaly, ilki duºan oba
göni barmaga howlukmandyr, ol oba barýan ýoluò
saklanýanyny çak edipdir-de, onuò ýanyndan oýtarlap
geçip, baºga bir oba giden ekeni. Dogrudanam, olar bizi
oba iner öýdüp, ýatyp ýolumyzy saklaýan ekenler.
Hommat öz baran obasynyò aktiwistlerini Gaýgysyz
Atabaýewiò ady bilen aýak üstüne göterip, meni halas
etmäge howlugypdyr.
Biz gujaklaºyp görºenimizden soò atlarymyzy tapyp, atlanyp, agºamky barmaga çekinen obamyza tarap
ugradyk. Gör-le muny, meniò uzakly gije içesim gelen
suwum öwlüýäden aºak inenje ýerimizde uly ýap bolup, baýyrlaryò düýbüni ýalap akyp ýatanam ekeni...
* * *
Biz ýol ugrunda gabat gelip, düºläp geçmegi mürehet eden çopanyò goºunda ondan-mundan gümür-ýamyr
ediºip, töweregiò synçysy bolup oturdyk. Donunyò synyny
biline çigip ykjamlanan çopan ýigit bizi hezzetlemegiò
aladasy bilen, ýaòyrak süriniò yzyndan gidip, eºegiò
öòüne kese basyp getiren goýnunyò soòky süòklerini
kaklaºdyryp durdy hem baº atyp biziò gürrüòimize hä
berýärdi. Gapdaldaky ojakda goýnuò gazana atylan
bagyr-öýkeni, töweregine ýakymly ys ýaýradyp, gaýnap
durdy.
Ir ertir Guºga ugramagymyzdan öò öòümize getirilen çig gaýmaga çörek batyryºyp, üstündenem ýyljak
185
süýt içip naharlanan-da bolsak, atyò üsti, bahar howasy
ýene-de ýüzüniò ugruna siòdirip goýberipdi. Türkmenler bu ýagdaýy çägä suw guýan ýaly diýip suratlandyrýarlar. Onsoòam men syýahata çykalym bäri öòki
iýýänimden iýmiti köp ýimeli bolýardym. Ýogsam, atyò
üsti, galyberse-de, türkmen ýazynyò öòünde durar
ýaly däldi.
Delje görüp, nahar ýetiºýänçä güýmenje hökmünde
öòümize goýlan goýun süýdünden taýynlanan sargana
tamºanyp, onuò tagamyny duýup oturyºyma, töweregimdäki dogaçyk ºekilli inedördül hem biziò russiýamyzyò
tomsundaky ýaly ýaºyl görnüº bilen öwüsýän depelere
meòzeº baýyr depelerine nazar aýlaýan. Bireýýäm oglanjyk bolup baýyr depesinde — pikirimde oturan ýerime
turup gidiberesim gelýär. Barsam, öòümde görmedik
görnüºimiò peýda bolup, özümi heniz görmedik kartinanyò öòünde duran ýaly duýjagymy ýatlaýaryn.
Günortanyò öò ýanlarynda, wagtal-wagtal jaò sesi eºidilen
tarapdan süriniò öòi bolup eºekli, altmyº bäº-ýetmiº
ýaºlaryndaky, ºeýle-de bolsa eòegi sakgalsyz, temegi
murtsuz, gözleri içiòden geçip gelýän bir adam geldi.
Ony synlan mahalym süòòüm düýrügip, hut gapdalymdan ýylan turup giden ýaly boldy.
Aýdyºlaryna görä her adamyò ýanynda göze görünmeýän jyny bolarmyºyn. Adam bir ýere ugranda jyny
hemiºe onuò öòünden ýöreýämiºin. Adamlar bir-birleri
bilen duºuºmazyndan öò ilki olaryò jynlary biri-birleri
bilen duºuºarmyºyn. Jynlaryò biri-birlerini sulhy alsa,
onda adamlar hem dostlukly gürrüòleºip bilermiºin.
186
Jynlarynyò çyòkyryºmadyk ýagdaýynda welin olaryò
gürrüòleri alyºmazmyº.
Görýän welin meniòem jynym bu özüme sowuk
görnen adamyò jyny bilen çyòkyryºmady öýdýän.
Baºymy göterip, ikilenç onuò ýüzüne seredesim gelmedi.
Ol salamymyzy almaga howlukman, eºegiò üstünde
oturan ýerinden ilki alarylyp bizi synlady, soòam düºüp,
onuò üstündäki horjuny aldy-da, eºegi öz ugruna kowup
goýberdi.
— Akmämmet aga, Ýekegep bardymy? —Çopan
ýigit onuò saglyk-amanlyk soraºman, dommarylyp oturmagyny halaman, ol gelensoò dörän sowuklygy bize
duýdurmajak bolup, ýoldaºyny gürrüòe goºmak isläp
dillendi.
— Hmm.
— Ýaòy goýun almaga baramda, ol zaòòar yzyma
düºüp gaýdyberen ekeni. Bir görsem goºuò töwereginde
söwedgörsem goºuò töwereginde söwedeòläp, meniò goýun
soýaryma garaºyp aýlanyp ýör. Hoºamaýlyk bilen birki
ýola “Bar, sürini tap!” diýip, kowanyma-ha ol ýüzünede almady. Dabanymyò ganyny ýüzüme urduryp, gapdalymdaky taýaga ýapyºmamsoò gitdi.
— Bardy — diýip, ol ýene-de ýekeje söz bilen
jogap gaýtardy.
— Gitmese gitmezem-ä diýäýjegem welin, ºol geçen
hepde süriniò töwereginde köwejeklän möjekler ýenede geläýermikän diýen gorkymam ýok däl. Tapyrtupurlyk bolsa gerek-dä.
187
Barybir, ol ºundan soòam gepläp gürrüòe goºulybermedi.
Biz nahar iýen wagtymyz ol bir gapdalda oturyp
çaý içdi. Özi-de ony ºeýle br yhlas bilen her gezek
käsesine guýup alansoò, tüòçäniò üstüni esgi bilen
basyryklap, howlukman, çaýyò lezzetini öz hereketleri
bilen nygtap hem-de ony köp içenligini mälim edip
içdi.
Men çopan ýigidiò, Hommat horjunyndan çykaryp,
sowgat hökmünde çaý beren wagty begenimeginiò sebäbine diòe häzir düºündim. Ol öz ýoldaºynyò çaý içse
hezil etjegini ýatlap begenen bolmaly.
Akmämmet ikinji gezegem tüòçäniò çaýyny hem
ýap-ýaòy biz bilen tersleºende, sähel bir bahana bolsa
yrsarap ýeòsämize çalaýjaga meòzäp, düòderilip oturyºyna,
bir özi içdi.
Bir ýola men gapdalda kölçä meòzäp ýatan sürä
sereden bolup, gözümiò gytagyny oòa aýlan wagtym,
Akmämmediò göz-ýüz obajygynyò çygjagyp, ýüzüniò
der bilen ýuwlandygyny gördüm.
Bäý, buzy çözülip ugrapdyr-ow diýip oýlandym.
Hommat aýagynyò gurºugyny ýazarman bolup turansoò, menem gezmelemegi niýet edinip, onuò yzyna
düºdüm. Çopan bolsa gazanynyò ýanynda durup, et
gowurmaga baºlapdy.
Biz synçy bolup aýlanyp ýörºümize, bu adamyò
oòly adam-a däldigi hakynda, onuò ýüzüniò rehimsizligi hakynda gürrüò etdik.
188
Öwrülip gelenimizde, nahar edinen Akmämmet doga
sanap, geçenlerini ýatlap, nahardan boldum edip oturan
ekeni. Diòe ºundan soò ol biziò barlygymyzy hasaba
aldy. Bize tarap nazar aýlap gyzyklandy.
Birazdan men onuò özümi dikanlaýanyny syzdym.
Ol öz gören zadyna ynanansoò, Hommada tarap baº
atyp dillendi.
— Munyòyz orus ýaly-la, oglanlar?
— Hawa.
— Çalgyrt türkmençeläp otursa näbileýin, kowumdaº halklaryò adamlaryndandyr öýden ekenim.
— Ýok, orus, özem Leningraddan, Lenin agaò ýurdunyò orsy — diýip, çopan öòi bilen maòlaý derini
çalyp, buºluk habaryny aýdýan hörpde gepledi.
— Öz-ä ig orus bolsa gerek?
— Mümkin — diýip, Hommat öz sözüne baºga
näme goºjagyny bilmän gülümsiredi.
— Orus gelmezinden öòräkdi — diýip, Akmämmet
soòundan öz ýadynda galan bir wakany ýatlady. Ahyr
gep-söz alºyp, onuò aramyza goºulmagyna biz hem öz
ýanymyzdan begeniºip, onuò berjek gürrüòi bilen gyzyklandyk.
— Meniòem ol günler özümden uly bolup, ýokarkydan
özgäni hasaba alman, minneti atym bilen gylyjymdan
çekip ýören günlerim...
ªol günleriò birinde maòa-da ºuòa meòzeº orus
gabat gelipdi. Özlerem ikidiler. Ýöne birisi beýlekisiden
garaýagyzrakdy. Men ºol gezek adamlarym bilen Eýranyò Çukuroý diýen ýerindäki gala alaman edipdim.
189
Ol iliò özüni oòarýanlary galalarda ýaºaýarlar. Garypgasarlar bolsa galanyò töwereginde, çöp-çalamdan edilen
tam kepbelerde, gamyº öýlerde mydar edýärler. Alamançy diýeniò bolsa möjek, ýagly guýrugyò niredeligini gowy bilýär. Gala aralaºyp bolsa oljaò oòýar.
Barlyny ýesir edip alyp gaýdaýanyòda hem baýlyk
bilen gelip ony soran tapylýar. Garybyò bolsa gyzgelnini alaýmasaò alara zady bolmaýar...
Çukuroýdaky gala kürsäp girdik. Ümüº-tamyºda
ukudan zähresi ýarylyp oýanan adamyò ýaragyò öòünde
jany barmy. Ony ölüm howpy bilen, özüni ýitirmäge
dilden agyzdan galdyryp, ykbalyna kaýyl edip, “Näme
etseòiz eliòizde» diýer hetdine ýetirenimizden soò, men
yzyma adam düºürip, ýesir ýatan türkmen dagy bar
bolaýmasyn diýen niýet bilen, galadaky zyndanlary
aýlanyp gördüm. Hemiºe, haýsy obany çapsam-da, men
ol ýere düºen ildeºlerim bilen gyzyklanardym, ýagdaý
bolsa olary alyp gaýdardym. ªeýdibem, Allanyò öòünde
haýyr iº edip sogap gazanandyryn diýip, pikir ederdim.
Giden ýeriòden ildeºiòi tapyp getirseò, gelensoò
onuò dogan-garyndaºlarynyò berýän halat-serpaýam telim
gyrnagyò bahasyça bolýar.
Çopan ýigit, Akmammediò öz diýjek bolýan zadyny unudyp, baºga tarapa tutduryp ugranyny duýansoò, sypaýyçylyk bilen, onuò unudan pikirini ýadyna
saldy.
— Biziò myhmanymyza meòzeº orsam ºol galada
ýaºaýan ekenimi?
190
— Ýok. Olar zyndanda aýagy gandally oturan
eken-ler. Bir-ä patdyk-sutduk türkmençe-de gepleýär,
ikinjisi welin men ýaly dile patdal borly, hiç zat
bilenok. Horlukdan ýaòa gözleri çylpyklap, reòkine
sary ýöräp ugran iki sany süòkbaºy iri orus. Olara üns
bermese-de bermezdim welin, ºol arada hywa bazaryna
aºyryp bolsa lomaý gazansa bolar diýen pikir kelläme
geläýdi. Olaram galadan alan ýesirlerimiziò arasyna
goºup sürdük bäri ýüze.
Oruslar bendilikde, oòly ugruna seredilmän juda
tapdan düºen ekenler. Olar köpüò aýagyna eýermediler,
oglanlar bilen atlara artlaºdyrmaly boldy.
Çakym meni aldaman ekeni. Azabym ýerine düºdi.
Özi-de Hudaý aòsat etse, aòsat bolar ekeni. Hywa gelip
tanyº özbegimi tapyp, yzyna düºürip getiren orus täjiri
olar bilen wajyr-wyjur öz dilinde gepleºensoò, baº egip,
tagzym edip ot-elek boluberdi.
Maòa bolsa olaryò hersi üçin bäºatar berdi. Olaram
“ysbasy-da, ysbasy» öz dillerinde ýene-de bir zatlar
diýiºdirip, gözlerini bagtyýar güldürip minnetdar boluberdiler.
Eºidip otursam olar, orus hökümetiniò adyndan
Owganystana iberilen ilçi beg-begzadalar ekeni. Ýolda
bendi düºüp galan ekenler. Ol ýerdenem bendileri ýakyn
günlerde Maºat galasyna ýollamakçy bolup ýören ekenler.
Olaryò beren ýaraglary meniò gum içinde telim
ýyllap Akmämmet galtaman bolup gezmegime sebäp
boldy. Döwründe ol ýaraglar bahasyna ýetilgisiz zatdy...
Aý, ol ýaragy görüp zähresi ýarylan az däldir-le. Ýöne
191
arman, gyrnak paýlanymda wagty hasaba alman ekenim. Ony-da soò bildim. Soòky tüýkülik sakgaly ezýämi
näme? — Akmämmet galtaman nämedir bir bize näbelli bolan bir zatlary ýatlap ahmyr etdi.
— Meniò getiren gyrnaklarymyò arasynda öz obama
siòenleri-de telim bardy. “Maòa-da bir kempirime taý
gyrnajyk gerek» diýilse, berer goýbererdim. Ýyllar geçdi. Gyrnaklar ogully-gyzly, içerini oòaryp oturan keýwany boldular. Olaryò çagalarynyò ýigrendigi bolsa
men boldum. Kiçiräkkäler-ä olar meniò atymy kesekläp gaçardylar. Aý, çagadyr-da diýip, men olara azar
bermezdim. Olaryò ejeleri öýde öz düºen günlerini
ýatlap, maòa gargynyp oturan bolsa nädersiò. Kimdir
birine ýigrenjem hut ºeýdilip döredilýän ekeni. Gyrnaklaryò çagalary ulalyp, öse-boýa galansoòlaram, men
olaryò özlerini alyp baryºlaryndan özümi
halamaýandyklaryny aòyp ugradym.
Ýöne olaryò kitüwleri içlerindedi, ýüreklerini dillerine alaýsa, onda ol wagt diliò damagyna dykyljagyny olar gowy bilýärdiler. Meniò ºöhratymdan, gazabymdan çekinýärdiler. Bir ýola meniò Saly baýa beren
gyrnagym Gülbendiò yzyndan onuò erkek dogany geldi. Gyrnakdan ogully-gyzly bolan baý, çagalaryò daýysyny
bir hepde-on gün öýünde saklap, edip bilen hyzmatyny
etdi. Gidende hem serpaýlap, at mündüirip goýberdi.
Men ºol wennezzyna henizem müòkür. Bir gezek gelsem
doganoglan agam bardy, aglap: “Inim, öòüòde ýüzügara bolandyrys» diýip öòümden çykdy. Eºidip otursam,
günortanyò gününde bir bölek atly gyrdan inip, meniò
192
aýalymy, ogullarymy, ýetiºen gyzymy gylyçdan geçirip,
öýüme gan çaýkap gidipdir.
Günäkäri gyzyl-ot bolup näçe gözlesem-de tapyp
bilmedim. ªeýdibem, tüwmaýak galdym. Garrap tapdan düºemsoòam, obamdaky nägile gözler meniò çöle
çykyp gaýtmagyma sebäp boldy.
Ol ýene-de haýsydyr bir wakany ýatlady, ýöne ol
ºundan soò bir agzam geplemedi. Düýrügip oturdyoturdy-da, soòundanam turup, hol beýlede otlap ýören
eºegine tarap ýöräp gitdi. Biz çaýyò oòa bagtly günlerini hem-de bibagtlygyny ýatladanyny duýduryp, ugramakçy bolup durkak, men horjunyò düýbündäki iò
soòky bölek çaýy aldym-da, “Ýaºuly içer” diýip, onuò
eline berdim.
* * *
Indi bireýýämden bäri garamtyl mahmaldan tikilene
meòzeýän ýaz gijesi töweregimizde ýaýrap otyr. Atlarymyz bizi gijelikde Müsür piramidalaryna meòzäp
oturan Badhyz baýyrlarynyò arasy bilen, aýlanypöwrülip ýören ýol bilen Guºga alyp barýar. Baýyrlar
gijäniò içinde howalanyºyp, biziò depämizden serediºip
otyrlar. Gündizlerine özüni baýyrlardan has uzakda
saklaýan asman gümmezi hem häzir gijäniò gelmegi
bilen aºak inipdir, ol baýyrlaryò depesine galtaºyp
durana meòzeýär.
Indi men çak bilen däl-de, ertiriò bir ýerinde Guºguda
boljagymyzy bilýärin. Ol ýere ýetsem-ä dünýäò
aòrybaºyna çykan ýaly bolsam gerek diýip oýlanýaryn.
193
Hemem ºeýle ýoly geçenime, gören ýerlerimiò, duýan
zatlarymyò az däldiginem ýatlap begenýärin.
...1885-nji ýyldaky Daºköpri söweºinden soò, häzirki
Guºgy galasynyò ýerinde rus goºunlarynyò palçykdan
salnan kazarmasy peýda bolupdy. Ähli güýç iki rota
kazakdan hem-de üç sany topy bolan batareýadan
ybarat ekeni. Batareýa galany gorapdyr. Kazak rotolary poçta stansiýalaryny hem-de serhedi gorapdyr.
Bu ýere Harkowdan, Poltawadan birnäçe maºgala
göçürilip getirilipdir. ªeýlelik bilenem, 1892-nji ýylda
Guºgynyò eteginde “Alekseýewka», “Poltawka» ýaly
rus obajyklary peýda bolupdyr.
1897-1898-nji ýyllarda Owganystan bilen dartgynlylyk emele gelensoò, patyºa Guºgyny berkitmegiò ugruna ymykly çykypdyr. Yzly-yzyna goºun güýçleri Guºguda
peýda bolupdyr. Toplar Mara çenli otly bilen getirilip,
ondan düýe bilen bu ýere daºalypdyr.
Berk gala gurlup, onuò dört burçunda top goýlupdyr. Çeºmeden galanyò içine turba bilen suw getirilipdir. Gospital açylyp, telegraf aragatnaºygy ýola goýlupdyr.
1914-nji ýylda fronta alynmazdan öò Guºgy galasynda 12 müò soldat bar ekeni. Guºgy patyºanyò
erkinligi söýýän, azatlyk meýilli ofiserleri hem sürgün
edýän ýeri bolupdyr. Guºgy rus ofiserleriniò:
“Dalºe Kuºki ne poºlýut,
Menºe wzwoda ne dadut”
diýýän ýerine öwrülýär.
194
Aý dogup, öz ýolunyò dowamyna gidip barýar. Ol
sap altyndan oòarylan ºuglaly gülýaka meòzeº. Bärde
bolsa ol geýim geýinmegi, özüne serenjam bermegi
halaýan, öz gowy geýnip bilýänini töwerekden seredýän
gözleriò öòünde hem buýsanç bilen nygtap geçip barýan ýüregi yºk heserli zenana meòzeýär. Gijäniò törüne
aralaºdygymyzça howanyò çigreýäni duýulýar. Hommat meniò üç-dört ädim öò ýanymdan ukusynyò tutýanyny mälim edip, baºyny asyp, at üstünde irkilip
barýar. Ony ukudan açmaly diýen pikir kelläme gelensoò, ondan-mundan gürrüò etmek üçin, atymy debsiläp
onuò bilen deòleºdim. Men ýene-de Guºgynyò komissary Margunow hakynda gürrüò açmakçydym. Öòem
bu adamyò Guºgy hakynda gürrüò bolanda, telim bir
gezekler ady tutulypdy. Belki, ýene-de ol hakynda
birzatlar bilmek baºardar.
Tötänlikde meniò nazarym kimdir biriniò ýatan
ýerinden turup bukdaklap, bir ýerden baºga bir ýere
geçenine kaklyºdy. Bada-bat biziò daºymyzy gabaýan
bolmasynlar diýen pikir kelläme geldi. Hommady ýagdaýdan habarly etmäge howlugdym.
— Hommat!
— Hä, näme, Andreý Andreýewiç? — diýip, meniò
sesimdäki gozgalaòy duýup, Hommat ýalpa gözlerini
açdy.
Ýaòy, hol öòden biri ýapyrylyp ylgan ýaly boldy.
— ªol öòki deýýuslaryò ýoldaºlary dagy bolmasyn!
— Bolup biler — diýip, menem öz çakymy gümansyratdym.
195
— Atdan düºeliò!
Hommat garaºylmadyk çalasynlyk bilen atyndan
düºdi. Men bir onuò egnindäki donunyò ýelpäp giden
ýaly bolanyny görüp galdym. Ol elinde sapançasyny
taýynlap oturyºyna, üns bilen ilki meniò görkezen tarapymy, üºerilip ol ýerede meniò gören zadymy görmek
niýeti bilen synlady. Atdan düºüp, menem ýene bir
gezek ºol gören salgymymy görmek üçin onuò hereketlerini
gaýtaladym.
Ýöne näme üçindir biziò garaºan “Ýaraglary taºlaò,
siziò daºyòyz gabalgy!» diýen sesimiz wagty bilen
eºidilmedi. Ýa-da olar biziò has-da amatlaryna bararymyza garaºýarmykalar?!
Atlaryò ikisi-de biziò gözümiziò alnynda öòe serediºip,
ol ýerde kimdir biriniò barlygyny duýýandyklaryny
mälim etdiler. Hatda Hommadyò münen çal aty boýnuny öòe uzadyp hokranarly hem göründi. Muny
Hommadam aòan eken, ol tutup oturan uýanyny ºeýle
bir gazap bilen silkdi welin, at janawar bada-bat öz
maksadyny unudyp, baºyny ýere asaýdy. Özüni parahat alyp barmalydygyny syzdy.
— Andreý Andreýewiç, siz ýene birsalym ºu ýerde
oturyò, ol ýeriniò habaryny özüm alaýyn — diýip,
Hommat atynyò uýanyny maòa berdi-de, sapançaly
elini öòe uzadyp, ýapynyò ýüzi bilen ýer bagyrtlap
ýokarlygyna süýºenekläp ugrady. Göwnüme indi hä
diýmän iki taraplaýyn atyºyk baºlanarly göründi. Agzym gurapdyr, tolgunanyòda bokurdagyò hem daralýan borly, ýuwdunanymda tüýküligim bokurdagymy
196
agyrdyp geçdi. Oturan ýerimde bedenimi sowuk der
basdy. Özümi garganyò agzyndan gaçan peýnir bölegine
meòzedip, howada uçup gelýän ýaly, bir salymdanam
ýere urlup dyr-pytrak bolup gidiberjek ýaly duýdum...
— Andreý Andreýewiç!
Hommadyò sesi meni özüme getirdi. Görsem ol indi
elini salgap ýatan ýerinde meni öz ýanyna çagyrýar.
Atlaryò uýanyny bir-birine çatamsoò, emedekläp diýen
ýaly onuò ýanyna ugradym. Egnini deòleºen mahalym
ol maòa seret diýen manyda, depäniò ýeòsesindäki köle
tarap elini uzatdy. Men aý aýdyòa käliò içinde bir
topar adamyò, hereketsiz, jesede öwrülip ýatanyny gördüm.
Düýnde-öòòunda bu ýerde Gyzyl Goºun bilen onuò
duºmanlyrynyò arasynda gazaply söweºiò bolanlygy
belli boldy. Iki tarapdanam, ýaraly beýleki bolup diri
galan adam bara meòzemeýär.
Diòe bir at aýlanyp ölüleriò arasynda otlap ýör. Ol
gyzyl esgerleriò biriniò aty bolmaly. Onuò eýerine
gyzyl baýdak berkedilipdir, at her gezek otlamak üçin
bir ýerden baºga bir ýere ýörän mahalynda baýdak
biraz ýazylýan ekeni...
Töwerekde bizden baºga janly jemende görnenok.
Kölüò içinde bolsa üsti gyzyl baýdakly at aýlanyp,
otlap ýör...
SÖZSOÒY
Dutaryò owazy... Syýahatdan öwrülip gelenim bäri
bu owaz meniò gulagymdan gidenok. Käte dagy ol
197
ºeýle bir saýramak saýraýar welin, meniòem haýsy
hem bolsa bir türkmen aýdymyò çetinden kükräp
giribere-sim gelýär. Birde bolsa ol meniò özümi ýelkenli
gäminiò üstünde ýaly duýmagyma sebäp bolýar. Onuò
dartylan tanaplaryò birisine söýenip duranyma ynanýaryn. Gämi meni birde ertip Änew metjidinò deòitaýy bolmadyk keramikasy bilen ýüzbe-ýüz etse, ýene
birde Gökgümmez babanyò nagyºlary bilen duºurýar.
Atly syýahatym ýada düºende men ýene-de özümi
ýarym guºaklygyna çenli gök mahmala dolap ýatan
Köpetdagyò etegi bilen, dagdyr çöl aralygynda toplumtoplum bolºup oturan türkmen obalarynyò arasy bilen
aýlap, Guºga gidip barýanymy görýärin.
...Öwezgylyç bagºy. Ol meniò ºol gören ýerimde,
goýunguýruk gum depeleriò aralygyndaky ýazylgynlykda, aýdym aýdyp, saz çalyp otyr. Onuò iki gapdalyny ýene-de Hommat bilen Dagym eýeläpdir. Olar
özleriniò ýap-ýaòam birek-birege alagöz bolºup oturanlaryny unudyºyp, ata-babalarynyò demi siòen jadyly
aýdymlaryò belentligine göteriliºip il bolºup otyrlar.
Dutar saýraýar. Göwnüme häzir türkmen halkynyò
taryhynyò meniò kalbymda jemleniºi ýaly, bagºynyò
töwereginde hem ähli türkmen jemlenäýjek ýaly bolup
duýulýar.
Ine-de türkmen halkynyò müò ýyllyk taryhynyò,
ýer ýüzünde galan ýeke-täk ºaýady Soltan Sanjaryò
mawzoleýi. Ol töweregindäki ýer bilen ýegsan bolan
bir mahalky haýbatly galalaryò harabaçylygynyò orta198
synda egnini gysyp otyr. Özi-de ºol döwür-döwranlardan bir özüniò galanyna uýalýana meòzeýär.
Näme üçindir, her gezek Soltan Sanjary ýatlanymda, Abdyryzagyò sanap beren ºu setirleri biygtyýar
meniò ýadyma düºýär.
Maru-ªahu Jahan asly mekanym,
Köp döwranlar sürdüm seniò üstüòde.
Hangeçende guran bazar dükanym,
Jan berip, jan aldym seniò üstüòde.
...Bu toprakdan giden ençeme türkmen tireleri
dünýäniò köp ýurtlaryna ýaýrap, soòundanam ºol ýerli
halklara goºulyp ýitip gidipdirler.
Gijelerine mawzoleýiò töwereginde itler janygyºyp,
agyzlaryny ýokary tutuºyp uwlaýarlar. Diò salyp dursaò ol sesler kimdir biriniò ºol, gidip daýdyp gelmediklerini ýatlap, jowranýan eòremesine meòzeýär.
Taryha çümüp-çümüp oýlanmagyòa sebäp bolýar.
Mährijemalyò portret halysyny bolsa görüp doýma
ýok. Halyda W. I. Lenin özüne mahsus hereketi bilen,
elini jübüsine sokup oýurganyp dur. Bir görseòem, ol
kimdir biri bilen gürleºip durana meòzeýär. Birsalym
synlap duransoò bolsa, sen onuò özüò bilen gürleºip
duranyna ynanýarsyò. Onuò portret ºekiliniò töwereginde
ajaýyp gölleri çitilipdir. ªonuò üçinem Wladimir Iliç
ýene birde haly asylan diwaryò öòünde durana hem
çalym edýär. Gör, bu halyny dokamak üçin näçe
mähir, näçe söýgi gerek bolandyr. Ol hut söýgüdir
mähirden dokalan ahyryn. Mährijemal hyýalynda
199
W. I. Lenin bilen, gör, näçe gezekler gürleºendir...
Mährijemal, halysy Aºgabada alyp gaýtmak üçin soralanda: “Halyny öýümden çykarasym gelenok, goý,
Lenin aga biziòkide dursun, görjek adam gelsin-de
görübersin» diýen ekeni. Leninsiz galsa dünýäniò manysyz
boljakdagyna Mähri-jemalyò zenan ýüregi ºol wagt
düºünipdir.
Owsun atyp oturan ýaz otlary. Meniò Guºgy ýolunda gören, guwanan kagyzlarymda surata öwrülen dünýäm.
Owsunjyrap tolkun atyp duran deòiz.
Atçapar gyr atyny säpjedip, Ýolöten otrýadyny yzyna
düºürip, iki gapdalyndan barha beýgelýän Badhyz
baýyrlarynyò arasy bilen komissar Morgunowyò çakylygyna Guºga barýar. Onuò egninde gurmyzy dony,
aýagynda gara ädigi, baºynda halap geýen ak telpegi.
“Bolºewik ýüregim bolsa, egnimde gyrmyzy donum,
aýagymda ädigim, baºymda ak telpegim bolsa, özge
zatlaryò bir alajy bolar”. Atçapar Taýyr: “Eliò geldi,
senem mal edin, öý-owzar edin...»
diýip maslahat
berýänlere, hemiºe ºu jogaby berer ekeni.
Baýyrlaryò gabawyndaky köli ýatlanymda hemiºe
meniò gözümiò öòünde ºol gören iki tarap, bolºewikmenºewik bolnup jan alnyp jan berlen meýdan ol
ýerdäki, eýerine baýdak berkidilen, aýlanyp otlap ýören
at göz öòüme gelýär.
Agzybirlik — türkmen halkynyò elýetmez arzuwy...
Iliò akylly-baºly wekilleriniò hemmesi öz gowy
durmuºlarynyò agzybirlik bilen baglydygyny bilipdir.
Ýöne öz obasyndan özge ýerde oba baryny, öz du200
taryndan özge ýerde dutar barlygyny bilmek islemeýän
kütek tireparazlar hemiºe agzybirlige garºy durmagy
baºarypdyrlar.
Türkmeniò eý görýän ºahyry Magtymguly Pyragy
hem öz gezeginde agzybirligi nygtaý-nygtaý geçipdir.
Oòa ºygyrlarynda dagynyk agzala ilini birleºdirmek
baºartsa-da, ony bütewilikde görmek miýesser etmändir.
Bu arzuw edilen döwür-döwran diòe W. I. Leniniò
ideýasy bu topragy çoýandan soò mümkin bolupdyr.
Mihail Iwanowiç Kalinin tribunadan “Türkmen respublikasynyò» döremegini jar eden mahaly, zalda oturan gurultaýyò delegatlarynyò köpüsiniò gözünde begenç gözýaºy buldurapdyr. Hatda Jüneýit hanyò hem
gurultaýa iberen wekili: “Aý, adamlar, gözüòiz aýdyòow, meniòem ilim ahyrsoòy bir döwlet boldy...” diýip
aglapdyr...
Bu oý-pikirler ýene-de meniò kalbymda harasat
gopmagyna, galam-kagyzyma täzeden ýapyºmagyma sebäp
boldy.
Ýürek bolsa ºol bir zady, bu ýadygärligiò hut iliò
ýüreginden dömen onuò arzuw hyýalyny, geçmiºini,
özünde jemlän ýadygärlik bolmalydygyny nygtady.
Kagyzyò ýüzünde ilki türkmen halkynyò geçmiº taryhyny, süòòüne siòdiren teke, ýomut, saryk, ärsary hemde beýleki tireleriò halylary bilen bezelen tribuna peýda boldy. Onuò yzysüre-de halkyò birleºmeginiò simwoly bolup, azatlygyò bu ýere gelenligini alamatlandyryp, Wladimir Iliç Lenin tribuna göterildi...
201
Ony synlap, men hut ºol arzuw eden, türkmen
halkynyò ýüregindäki ýadygärligi döredenime ynandym.
Adam erbet gününde hem-de begenen gününde
göwün diýen adamlarynyò öz töwereginde bolmagyny
arzuw etgiç bolýar. Meniòem häzir öz ýanymda türkmeniò Magtymguly ýaly, Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý
Aýtakow, Öwezgylyç bagºydyr Mährijemal, Hommatdyr olaryò ogul-gyzlarynyò, öz ýakynlarymyò bolmaklaryny, olaryò ýadygärligi synlap, makullaýjylyk bilen,
“Ine, muny oòarypdyr” diýip baº atmaklaryny isledim.
202
Çölüò deòiz güòleri
ILKINJI UÇUª
eniò çöle gitmek, çölüò ýazyny görmek
hyýalym baºa barmasa-da barmazdy. Ilki
haýyº edip özelenip dursam hem kakam
meni ol ýere özi bilen äkitmäge razy bolmady.
— Çölde näme iºlejek?
— Seò ýanyòda oýnajak.
— Çöl oýnamak üçin gidilýän ýermidir indi?
Kakam günäkär däl, meniò özüm günäkär. Men
oòa ýanynda bolmagy isleýändigimi, käbir gijeler göresim
gelip oýanýandygymy düºündirip aýdyp bilmedim.
Kakam, ylaýta-da, ýaz aýy, guzujyklaryò köpelýän
wagty çölde uzak eglenýär. ªeýle bolansoò jigim käte
onuò öz kakamyzdygyny-da unutmaga ýetiºýär. Kakam
gelip, ony eline alyp hoºamaýlyk etjek bolsa, jigim
ýadyrgap ejemiò ýanyna gaçýar. Ol dolanyp yzyna
çöle gidýänçä, jigim zordan onuò bilen öwreniºmäge
ýetiºýär. Bu ýagdaý öòler ºeýledi. Indi jigim: "Menem
okuwa gitjek", "Indi menem ullakan kaka boldum"
diýen bolup joòkuldap aýlanyp ýör. Tirseginiò aºagyna
ýassyk alyp, uly adamlara öýkünip, çaýam içen bolýar.
M
203
Kakamyò sözlerinden gulagynda galanlaryny gaýtalap,
hondan bärsi bolup, garry adam ýaly bize akyl berýär:
"Nahar iýeòde gyssanman iýmeli. Nahar baºynda köp
gürleseò düwnersiò"... Ejem onuò ýassyk alanyna-da
razy, akylyny diòlemäge-de... Agzyny al-asmana tutup,
"kaka" diýip aglamasa kaýyl. Ýogsam onuò ºeýdäýmesem daº däl. Her gezek jigim "kaka" diýip, aglap ugran
mahaly ejem: "Muò-a ýene-de kakasy ýüregine düºüp
ugrady, ertede, birigünde geläýbilse ýagºydyr. Ýogsam,
bu çaga ýene-de damak bolar" diýip aladalanýardy.
Jigim "kaka" diýip aglasa, käte, nämüçindir, meniòem
damagym dolýar. Ýöne men indi ýigit çykan adam,
kakamy göresim gelýär diýip kemºeriberseò il güljek.
Kakamy göresim gelýäni welin, hakykat. Onsoòam men
juda bir çykgynsyz güne düºen adamam däl. Kakamyò
oba gelen wagty geýýän sur telpegi içki otagda asylgy
dur. Bir gezek kakamyò ºol telpegini geýip Aºgabada
— ýygnaga giden mahaly, ol ýerden Lenin ordenini
alyp geleni-de ýadymda. Ol telpegi geýsem, men badabat ep-esli ulalýan.
Aýnanyò ýüzünde ýüzi biraz aladaly, inçemik-uzynak,
baºy sur telpekli bir oglan peýda bolýar. ªol özüme
meòzeº oglan bilen duºuºan mahalym ol hemiºe maòa
dünýä öòküden biraz eselip seretmäge kömek edýär.
Jigim entek ýaºrak, ol bu syrdan habarsyz, ýene
birazajyk ulalsyn, onsoò oòa-da bu emeli öwretmeli
bolar. Sebäbi ulalansoò aglamak oòa-da aýyp bolar.
Ilki, meniò mahal-mahal bu telpegi geýýänim ªekeriò gözüne ildi.
204
— Näme üçin ullakan telpek geýýäò?
— Ýalan sözlemesene.
— Men ýaòy gapyny açamda gördüm-ä.
— Göreniò ýalandyr.
Bu häsiýetimi özgeleriò duýmagyny gelºiksiz hasaplaýardym. Eden iºimi boýun almajak boldum.
ªeker bolsa jedelde utjak bolup, bu syry ejeme-de
äºgär etdi oturyberdi. Ejem ªekeriò ilkinji sözüni
eºitmezlige saldy.
— Gelneje, Agadurdy kakasynyò täze telpegini
geýen bolýa-da...
ªekeriò sözüne jogap alman goýmajagy belli boldy.
Ejem onuò ýüzüne seretmän gürledi:
— ªeker jan, sen Agadurdyò dosty ahyryn. Hemiºe
bileje oýnaýaòyz. Dost dosty yzarlap, onuò gowºagrak
tarapyny kemçilik hökmünde görüberse, onda beýle
dostlugyò örüsi uzak bolmaz. Dostuò kemçiligi kemçilik
bolaýanda hem, ol kemçilik beýleki adamlara zelelsiz
bolsa, dostuòa bolsa ºol kemçiligini gaýtalamak ýakymly bolýan bolsa, onda dostuò ol kemçiligini görmedik
bolmagam aýyp däldir...
Ejemiò öwrüm-çöwrümli, bizi uly adam hökmünde
görüp, aýdan sözlerine ªekeriò düºüneni, düºünmedigi
maòa belli däl. Ýöne ol ejemi diòlänsoò birsalym
oýurganyp dymdy. ªundan soò onuò bu gün biziò
hemiºekimiz ýaly dünýäni unudyp oýnap bilmejegimize
gözi ýetdimi, nämemi, jigim bilen biraz oýnansoò, turup öýlerine gitdi. Maòa bir zat, öz hereketim bilen bir
wagt ejemiò synyna düºendigim, onuò bolsa meni görse205
de, görmez-lige salyp ýöreni belli boldy. ªeker hemiºe,
gidip gyzlar bilen oýnanyndan, meniò bilen oýnanyny
kem görenokdy. Ýaý atsam, o-da enesine ýaý ýasadyp,
ýaý atardy. Ylgaºmakda-da menden kem oturmazdy.
Özge gyzlar täze gelinleò ýanyna gatnap, keºde öwrenerdi, oò bolsa keºde öwrenmelidirin diýen pikir kellesinede gelenokdy. Suwa hem ol diòe geçen ýyldan bäri
gyzlaò güzerine düºýärdi.
ªeker bilen sene-mene edäýsem ejem hemiºe ªekeriò
tarapyny çalýar. Maòa abaý-syýasat edýär: "Ol-a biriniò ýeke owlagy, sen biraz arkalyrak bolaýmazlarmy?
Berdi kakaò birki sany ogly bolaýadyr. ªonda ªekeriò
ýüregi düºüºer. Häzir bolsa ol bir öýüò läligi, enesi,
ejesi ikisi iki bolup onuò hyzmatynda" diýip, meniò
näme üçin ªekerden akyllyrak bolmalydygymy
düºündirdi. Onsoòam diòe bir ªekeriò enesi, atasy däl,
kakasy bilen ejesem meni gowy görerdi. Giçlik, nahar
biºen mahaly iki öý aralygynda hemiºe goòºokara
gatnadýanam ªeker ikimizdik. Öò bilmesemem, indi
bilýän, goòºokara gatnatmak gadymy ata-babalarymyzyò
däbi ekeni.
Çöle gitmek meselesi bilen ahyrsoòy baryp ªekeriò
atasy Akmyrat aga maslahat salmaly boldy. Akmyrat
aga meni diòläp, ilki "Henizem oglan bolýaò-a" diýen
manyda gülümsiredi.
— Çöle gitjegiò çynyò ekeni welin, köºek, ýöne sen
kakaòyò barmaly tarapyny bilmänsiò. Çöle gidesiò
gelýän bolsa, onuò iºi aòsat.
206
— Nädip? Garama-gara gidibersem, orta ýoldan-a
kakam aòsat meni yzyma gaýtarmaz!
— Beýdibem çöle gitseò, ol gitdigiò bolmaz. Ilki,
oglum, ejeò ugruny tap, ana, ºonda sen çöle däl, isleseò
Yssambyla-da gidip bilersiò. Ejeò ugruny tapmak üçin
bolsa buýrulan ýumºy iki gaýtalatmaly däl. "Çöle,
kakamyò ýanyna gezelenje iber!" diýip, mahal-mahal
ýatladyp, ýürege düºüp durmaly. Maòa sala salsalar,
arkaýyn bolaý, yzyny özüm oòararyn.
Akmyrat aga mamla ekeni. Ilki diýemde, ejem:
"Bolmaz, çölde iºiò ýok, näme, kakaò ol ýerde iº
etmän, elini tutup oturandyr öýtdüòmi? Barsaò, senem
bir azarsyò-da. Oýnajak bolsaò, obada oýnara ýer
gytmy, oýnaber bilen oýnuòy" diýse-de, teý ahyr, ýumºap
ugrady. Birde "göreris" diýdi. Ýene birde-de: "Kakaò
gelsin, sorap göreýin" diýdi. Ahyrsoòy: "Gidip dyn,
ýürege-bagra düºdüò" diýip, doly razy boldy.
Kakam öýe gelende ony-da razy etdi. Ýöne çölde
hor-homsy boljagym ýadyna düºen mahaly, heniz ugramankak, ejem meniò gaýgymy edip ugrady.
— Ogluòy çöle äkideniò-ä ýagºy welin, häzir ýazdyr
özüò-ä. Mör-möjegiòem... Ol ady gurmuºyòam aýny
örýän mahalydyr...
Ejemiò "ady gurmuº" diýýäni ýylandy. "Gurt agzasaò gurt geler" diýlene ynanýarmy-nämemi, ejem eger
aòrujy ýagdaýyny tapsa "ýylan" sözüni agzyna almaýar.
— Ilki meni günüme goýman mydy-mydylap "hoº"
diýdiren özüò dälmi? Öò oglandyò-da, indi ulaldyòmy?
Gör-le, muny...
207
Kakam ejeme gönüläp seredip gatyrgandy.
Kakama ilki söz berdirmek kyn, söz berensoò onuò
sözünden dänenini men göremok. Beren sözi ýadyndan
çyksa, ol baºga gep, onda-da ýatlatsaò, "hä" diýer,
ýadyna düºürer. Ejem nähakja azara galýar. Barybir,
indi kakam mensiz çöle gitmez. Onsoòam bir ertire garaºsa bolany, öòde sekiz günlük ýaz kanikulymyz bar.
Meniò ýüregimi suwluja edýän zat kakam bilen öò
bir gezekde bolan waka. Eger ºol gezek ol sözünde
durmadyk bolsa, men çöle gitjegime häzir beýle ykjam
ynanmasamam ynanmazdym. Kakam ºol gezek maòa
üçünji klasy üçlüksiz tamamlasam, tomus welosiped
äbermegi söz beripdi.
... Ýyl ahyrydy, men bir gün bahaly tabelimi kakamyò öòünde goýdum. Kakam meniò bahalarymy görüp
oturyºyna: "Bäº, dört, bäº, ýene-de bir bäº, gör, biziò
ogluò ediberºini" diýip, okaýºymdan göwni bitip, ejeme
baº atyp öwdi. ªol barmana-da onuò "Welosiped alyp
bereýin" diýen sözi ýadyna düºdi. Kakam unutsa-da,
men onuò ýaly hoº sözi unudýanmy näme? Onda-da
iki tekerli, ºahy jaòlyja welosipedi. Kakamyò özi meniò
ýerimde bolan bolsa, o-da unutmazdy. Kakam welosipedi bada-bat aljakdy, ýöne ºol mahal magazinimizde
ºahy jaòlyja welosiped ýok ekeni. Çöle giden mahaly
magazinimize welosiped geläýse, alyp bermegi ejeme
tabºyryp gitdi.
Meniò welosipedim goòºy obanyò magazininden tapyldy. Goòºymyz Akmyrat aga bir gün iki welosiped
getirdi, gyzyl reòklisini ªeker aldy, ýaºyljasy meniòki
boldy.
208
Gijäniò bir mahalyna çenli meniò pikirim çöl boldy.
Eºiden gürrüòlerimi ýatladym. Eºiden wakalaryma meòzeº
wakalaryò özüm bilenem bolaýmagynyò mümkindigi
hakynda oýlandym. Tolgunýan. Hemiºe-de begensem,
men wagty bilen uklap bilemok. Mamam öýümize
gezelenje gelende-de, kakam çölden gelende-de, ºeýle
ýagdaý bolýar. Birem direktorymyz köpçüligiò öòünde
elimi gysyp, kitap sylag beren güni gije uzak wagtlap
uklap bilmändim.
Çöl — meniò arzuwym. Neneò tolgunmaýyn. Ertir
men arzuwyma ýetýän ahyryn.
Alty-ýedi günläp dürli-dümen ot bilen bakylan düýe
ir ertir gapymyzyò öòünde çökdi. Gerek-ýarak zatlar
bir-birden onuò üstüne taýlanyp atylan horjuna salyndy. Iò ahyrda kakam ikimiz düýä artlaºyp mündük.
— Ýüregi gysyp, hyk-çok ediberse, baran-gelen ºopursopura goºup iberäýersiò-dä!
— Göreris. Sag oturyò!
Düýe çaýkanyp ýerinden turdy. Menem düýe bilen
ep-esli beýgeldim. Ejemi, gözlerini tegeläp, özüme gözi
gidip seredýän jigimi synlap: "Akgaòlar çöle gidýär"
diýen manyda monça bolup, olaryò ýüzüne seretdim.
Düýä münseò, boýuò öòküden üç esse diýen ýaly
ösýän eken. Hemiºe ulalmagy arzuw edip, çagalykdan
çykmaga gyssanyp ýören oglan üçin bolsa bu az zat
däl. Obanyò ilersindäki üýºüºip, topar-topar bolºup oturan baýyrlar bizi düýämiz bilen aldy-da, boýunmündük
edip, ýene-de ösdürdi.
209
Indi oba, ana, hol aºakda. Tallaryò arasyndan Murgabyò böwür berip egrelen egremçesi görünýär. Ana, ol
bolsa köne gala. Birçaklar ol galada gyz patyºa ýaºap
geçenmiº. Ýaz aýlary bir ýola ol kenizleri bilen meýdanda gül ýygyp aýlanyp ýörkä, mes bolup, tüýdüge
dil bitirip oturan çopan ýigidi görüpdir. Tüýdük çopan
ýigidi elýetmez ºaha öwrüpdir. ªa gyzy yzyna öwrülen
mahaly bilgeºleýinden birsalymam bolsa bu ýerde özgelerden artygrak eglenmek üçin boýnundaky gran-puldan
düzülen monjugyny üzüpdir.
Bu rowaýatyò çyn bolaýmagy-da mümkin. Geçen
ýyl "Granly depäniò" töwereginde oýnap ýörkäk, bizem
ol ýerden üç-dört sany köpüge meòzeº gran tapypdyk.
Taryh mugallymymyza görkezsek, onuò ýüzündäki haty
okap: "Bi, gran häzirki puluò on iki-on üç köpügi ýaly
pul birligi" diýip düºündiripdi.
Soò bir gezekde Ägeldi bilen Gurban ikisi hem ºol
ýerden bäº-alty gran tapan ekeni. Öýlerine eltse enesi
görüp: "Bar, häziriò özünde alan ýeriòize taºlap gaýdyò, eýesine nesip etmedik zat bize gerek däl" diýip
yzyna iberipdir. Olar ýolda maòa duºup: "Al gerek
bolsa iki sanysyny" diýip, hödür etdiler. Enesiniò diýen
zatlaryny aýtmadyk bolsa, alsamam alardym. Öýe eltsem, özümiòem bujagaºlaò gününe düºjegim ýadyma
düºensoò, men asyl ony alýanmy näme? Meniò ejemiò
nä dili ýokmy? Ägeldiniò enesinden eºiden sözüni menem
ejemden eºiderin-dä...
"Hany, çöl alamatlaryny sana" diýseler, ilki bilen
ümsümligiò adyny agzap, barmagymy büksem gerek.
210
Edil özi bolmasa-da, onda-munda ýylgyna meòzeº ösümlige gözüm düºýär. Hyºalary bada-bat tanadym. Hyºa
obamyzyò gaýrasyndaky köwüò bol çöpi. Kirtildedip
hyºagulpak iýmek meniò gowy görýän zatlarymyò biri.
Çopantelpegi, ýuwa-ýelmigi, yslyja özgeni bada-bat tanasam-da, töwerekdäki otlaryò köpüsi maòa nätanyºdy.
Goºa ýetilse, kakamyò bu otlar hakynda dillenäýmegi-de
ahmal. Sorasamam-a aýdar, ýöne sorasaò gyzygy bolmaýar. Baºga bir gürrüò ony meniò isleýän gürrüòimiò
üstünden getiräýse, ana, ºonda ol gürrüòiò höziri baºga
bolýar.
Gapdaldan eºidilen sykylyk meniò pikirimi böldi.
Kimdir birini görjek bolup, baýyrlaryò ýapysyny synladym, ýöne gözüme ilen adam bolmady. Sykylyk
ikinji gezek gaýtalandy. Bu gezek men ýapa seredip,
onuò ýüzünde hininden çykaran gumunyò gapdalynda
gaýºarylyp oturan öòi "öòlükli" ýaly, garny agymtyl
alakany gördüm. Sykylyga sykylyk bilen jogap gaýtardym. Meniò sykylygymy eºidip, alaka hasanakladyda, hinine girmek bilen boldy. Belki, meniò sykylygym
alaka "Hiniòe girmeseò, tutaryn ýa-da bir howply ýagy
gelýär" diýen manyda eºidilendir. Çölüò ähli zadynyò
ümsümligiò hasabyndaky zatlardygy ýadyma düºdi.
ªundan soò, tä goºa ýetýänçäk, alakalaryò sykylygyna
jogap bermedim.
GAPLAÒ
Kakam töwerekdäki baýyrlaryò arasyndan bir
eºekgeriº depäni saýlap, ºol ýerde goº tutan ekeni.
211
Ýapynyò ýüzünde gurlan çadyr uzakdan synlaòda depeden ýapaºak inip gelýän çadyrly maºyna meòzeýärdi. Bu ýer oturan ýeriòden sürini göz bilen bakyp
oturmak üçin amatlydy. Belki, kakamam bu ýeri saýlap alan mahaly, özüniò ºu bähbidini hem göz öòünde
tutan borly. Häzir aºakdaky baýyrlaryò gabawynda
ýaýrap oturan otluk meýdan ºaòlap ýatan birsydyrgyn
boºluk. Hol, allowarradaky bir baýryò ýüzünde dörtbäº sany gara görünýär. Ol gara-guralar özbaºlaryna
aýratyn otlap ýören sygyr toplumyna meòzese-de, ýaòy
kakam bilen duºundan geçip gaýdanym üçin, ol zatlaryò baýyr ýüzünde biten hyºadygy maòa bellidi.
Töwerekde ºu-lardan baºga janly-jandar, iòlär-siòek ýokdy.
ªemal öwsen çagy bu meýdan çaýkanyp oturan köle
çalym edýär. Kakam bilen tirkeºip, goºa ýeten mahalymyz, men çadyryò öòünde keserip duran iti gördüm.
Onuò ýüzi maòa diýseò agyr hemem hyrsyz göründi.
— Gaplaò jan, sag baºbitin oturanmysyòyz? —
Kakam jogap almajagyny bilse-de, Gaplaò bilen saglykamanlyk soraºdy.
Süri ilki meni gören mahaly ýüzüme dikanlap üºerildi.
Sürüden saýlanyp, ýakynlaºan çüri goýun ýer depip,
tarp atyp, meni gorkuzyp haýykdyrjak bolýan ýaly
hereket etdi.
Ýüz keºbimi kakama meòzeden bolmagy mümkin.
Soòra tiz yzyna öwrülip, üºerilip, maòa geòirgenmesini goýdy-da, öz aladasy bilen boldy. Goºdaky
garagulak düýe bilen bolsa men bu gün tanyºmaly däl.
212
Onuò bilen men köne tanyº. Ol oba baranda, meniò
hezzetimi az gören däldir. Düýe meniò çöle gelenime
begenmese, gynanmaz.
Çadyra girip-çykyp, çopan-çolugyò biri ýaly bolup
ýören nançy goýun meni köne tanºym ýaly açyk
garºylady.
Ellerimden ýakymly bir naharyò ysy gelýän borly,
nançy goýun bir zatlar tamakin bolup, meniò ellerimi
ysgaºdyrdy. Nançy goýna üçünji çopan diýseòem bolman durjak däl. Onuò çopan kemi ýok. Gije ýatylan
mahaly hemiºe çopanlaryò biri ony goºaryna daòyp
ýatar. Süri bimahal öräýdigi, ol çekeläp, bada-bat çopany ukudan oýarýar. Ana, onsoò taýagyòy egniòe atyp,
otlap ugran süriniò yzyna düºübermelisiò.
Kakam çopançylyga ilki baºlan günlerinden: "Nançy
goýun ukusy agyr çopanlara gerekdir, meniò ukym
ýeòil, maòa munuò nämä geregi bar, onsuzam sähel
çybºyldy bolsa bes, dessine oýanýan" diýip pikir eder
ekeni. Köplenç, nançy goýny agºam ýatanda goºaryna
baglamagy maslahat berýän garry çopan ýok wagty
kakam geleò edip, nançy goýny goºaryna baglamandyr.
Bir ýola kakam ukudan oýanan mahaly töwereginde
süriniò ýokdugyny görüpdir. Gije süriniò hamyrdan
gyl sogrulan ýaly bolup gidenini kakam duýmanam
galypdyr. Gyltyma kowalaºyp aýlanyp ýören sürini ol
uzak-ly gün selpäp zordan tapypdyr. ªodur-da-ºodur,
kakam öz mümkinçiligine artyk baha bermegiò zelelden
baºga zat getirmejegine, ata-babalaryò ulanan endiginiò
ýöne ýere döremändigine göz ýetiripdir.
213
Diòe Gaplaò, ýüz-gözüni hyrsyz edip, meniò goºa
gelmegimi halamandygyny mälim etdi. Kakamdan heder
eden bolmagy mümkin, ýogsam, onuò maòa topulaýmagyda ahmal eken. Ol meni ýaman nazary bilen dalap,
birbada ºonuò bilen hem oòdy. Ymgyr çölde hanlyk
satyp ýören Gaplaòyò meni görüp, dünýäsiniò daralandygy aýgyt boldy. Çölüò uçursyz giòliginden habarsyz it ºu giòiºlige sygyºmarys öýdendir-dä. Gaplaò
bilen esasy çaknyºyk iki-üç günden soò goºda bolup
geçdi. Ukudan oýansam kakam süriniò yzyna düºüp,
meni bolsa oýarmaga dözmän giden ekeni. Goºda goº
saklaýan Gaplaò bilen men ikiçäk galypdyryn. El-ýüzümi
ýuwup, ojak baºyndaky böwrüni köze çoýup oturan
gapakly çoýun taòkany öòüme çekdim. Üsti ýapylgy
duran syrçaly bedredäki gowurmadan pyçagyò ujy bilen
goparyºdyryp, göwünli-göwünsiz tamºanyp, ýürekse edindim. Gaplaò garaýatagyò agzynda meni görse-de, görmedik bolan bolup ýatyrdy.
Kakamyò üç iti bardy. Olaryò biri hemiºe goýun
eºegiò yzyna düºüp, kelte tirkelen ýaly bolup ýören
"Beg" atly itdi. Itleriò haýsysy batyr, haýsysy düºbi
diýip soran mahalym, çoluk daýy maòa ºeýleräk
düºündirdi:
— Beg eºegiò dosty. Ýigidi dostundan tanaýmalydyr. Onsoòam onuò adyna bir üns ber ahyryn. "Beg",
beg kiºiniò bolsa ömürylla diºini dertletjek gümany
bolmaz. Ol sürä möjek çozanda habar berýän it.
Itleriò ikinjisi hemiºe süriniò sesýetim öòünden ýöreýän
gaýyò itdi. Çoluk ony: "Ukusyna sak, kowanda ýetip
214
bilýän ýyndam" diýip taryp edýär. Siòòin seretseò, bu
itiò ýyndamlygynyò sebäbini onuò taza çalym edýän
biçiwündenem aòsa bolýardy.
Üç itiò arasynda iò garasöýmezi, ýüzi has agyry
Gaplaò ekeni. Çoluk daýy bolsa ony aýratyn bir mähir
bilen taryp etdi, tas ºo gezek menem onuò gowy
itdigine ynanypdym.
— Gaplaò gözsüz batyrdyr. Sürä möjek daraýsa
dagy, onuò zoruny, ana, ºonda görersiò. Gaplaò barýança, beýleki iki itiò möjege golaý barjak gümany
ýokdur, töwerekleºip, çöp görse art aýaklaryny çöp
döwen ýaly eder oturyberer. Ýöne, janawar, indi garrap
ýör-dä...
Saçakdan bir kesemen nan alyp, ony ýene-de öòküsi
ýaly edip, ykjamja dolap goýdum. Çölde saçagy serip
gitseò, onuò eýesi kän. Suwulgandyryn diýer, tomzakdyryn diýer, alakadyryn diýer, saçagyò açyk bolsa,
garaz, eýe tapylar.
Men oýlanyp: "Gaplaò bilen dostlaºmaly, birekbirekden alagöz bolup gezmeli däl" diýen karara geldim.
Maòa galsa, men dostlaºmaga razy-la, ýöne her gezek
ýakynlabersem, Gaplaòyò özi diºlerini syrtardyp
hyrsyzlanyberýär.
Sen eýtseò, menem beýderin diýip, ilki men birki
gün ondan ýüz sowup gezdim. Peýdasy bolmady. Bu
gezek welin deòsiz bilen deò bolmajagym çynym. Gaplaò bilen arany sazlajagym hak. Kesemen nany hem
men saçakdan ºonuò üçin aldym ahyryn.
215
Gulaga ýakymly sözler aýdyºdyryp Gaplaòyò uguny ýekeläp ugradym. Özge itler-ä ýakymly sözi erbet
görmeýärler.
— Gaplaòym, batyr itim. Möjekdenem gorkanok,
gaplaòdanam gorkanok...
Assa, assa ýakynlaºyp barºyma döwüp, beýleki elimde
çemelän çöregimden, geriljiräp, wagtal-wagtal onuò öòüne
okladym. Nany ysgaºdyryp iýäýse, onuò maòa öwreniºip
ugrandygydy. Bir ynamyna girip bolsa, onsoò at edip
münseòem itiò aòsat gahary gelmeýär. Gap-laòyò üstüne
münseò bolsa, ata münenden kem bolmaz, ol süòkbaºy
iri daýaw it. Gaplaò diýseò gaplaò-da.
Gaplaò gapdalyna düºen çörekleri dokmädelik bilen
göwünli-göwünsiz ysgaºdyrdy. Ýöne ony iýmäge howlukmady. Meniò hereketlerimi synlamagy dowam etdirdi.
Isleýºim ýaly meni özüne ýakyn goýberip, arkasyny
sypaladaýan bolsa, biz, ana ºonda, hut çyn dost bolaýmalydyk.
— Gaplaòym ýolbarsdanam güýçlüdir.
Gaplaòyò ýüzi hyrsyzlandy. Gatyrak öwäýdim öýdýän. Ökje ogurlap, yza dolanmaly boldum. Ýogsam
onuò zährämi ýaraýmagy-da mümkin. ªundan soò meniò
Gaplaòdan gep alyp galasym gelmedi. Bolsaò bolupsyòda öwgüli it. Men näme, göwnümi senden kem görýändir
öýtdüòmi?!
Töweregi aýlanyp, gözüme ilen çüýºeleri, kerpiç
böleklerini bir ýere üýºürdim. Maksadym, ar almakdy.
Aýlap salan zatlarym patda-pat bolºup, eýlesine-beýlesine düºüp ugransoò, Gaplaòyò därisine ot düºdi.
216
Gazap bilen gapdalyna düºen kesindileri, kerpiç böleklerini tutup-tutup diºleºdirdi.
Günüme goýsa ýazgynlygyò bolmajagyny aòansoò
bolsa, üstüme topuldy. Kepbe ýaly äpet köpegiò ýetip
gelýänini gören mahalym, meniò ar almak meýlim
bada-bat ýadymdan çykdy. Gäwüº çalyp oturan düýä
gözüm düºýänçä, meniò ýagdaýym öwerlik däldi. Düýäni
görüp, ondan delalat isläp, berdim ýazzyny. Onuò örküjine
münüp, joòkaryp oturan garga meniò ýetip gelýänimi
görüp, gygyryp asmana göterildi. Gykylyga-tapyrda ýüregi
gozganan düýe meniò üstüne münenime mähetdel ör
turup, elýetmez boldy.
Gaplaòam bu babatda menden kem oturmady. Sabyrlylyk etdi-de: "Sen düýeden düºmän oòsaò, menem
seni ýarman oòaryn" diýen manyda beýleräk çekilip,
pursat arady ýatyberdi.
Günem bu gün tomus günlerindäki ýaly lowurdap
dur. Baºga bir edere-de iº ýok, ilki oturyp düýä münmegiò, baýra münen ýaly hezil piºedigi hakynda oýlandym. Gözlerimi ýumjukladyp, depämden Akpamygyò kökesi bolup tigirlenip barýan Güni synlap güýmendim. Düýäniò kölegesiniò kiçelip ýitip barºyny
synladym. Yssy, häzir oba-da yssydyr. Ýazgeldi dagynyò suwa düºýän bolmaklary-da mümkin.
Men pikirimde eli kesemen çörekli "Çüòk güzere"
suwa düºmäge barýan oglanlary gördüm. Olar suwda
çörek akdyryp iýdiler. Güne ýatyp, Güne ýanyp, Güne
çoýundylar. Meniò hyýalymdaky hezillige gözüm gitdi.
Ýazyò-güýzüò parhy ýok. Biziò üçin orruk tomus,
217
günüò gyzan gününden baºlanýardy. Diòe käbir oglanlar ejeleriniò: "Suwa giräýmegin, üºärsiò" diýen sargydyny ýatlaºyp, kenarda galardy. Düýäò üstünde Güne
jyzyrdap oturmak meni tiz irizdi. Otlaryòam keýpi
ýok, olaryòam ºol sulhup oturyºy. Häzir öwüsgin bolsady. ªonda bu yssy ºeýle bir jana degerlik bolmasa-da
bolmazdy.
Garaºsaò wagt hem haýal geçýär. Garagörnümden
bir maºyn geçdi. Tama edip garaºsam-da, ol biziò goºa
tarap öwrülmedi. Gün gyzdygy saýy Gaplaòyò hem
gozgalaòy artdy. Ony töweregiò mör-möjekleri öz gününe
goýmady. Gaplaò eýläk-beýläk urunsa-da, töweregine
üýºen siòege meòzeº jandarjyklardan dynyp bilmedi.
Käte öwrülip-öwrülip, gazap bilen özüniò ýanbaºyny,
aýaklarynyò aralaryny "hat-hat" ediºdirip diºleºdirdi.
Düýe-de meniò göwnüm bolup baranok, ýogsam ol
islese häzir meni Gaplaòyò gazabyndan halas edibem
biljek. Ýüpüni üzüp burnuna ýel alsa, onsoò onuò
yzyndan it däl, gyrat bolubam ýetip bolmaýanyny men
köp eºidipdim.
Daºyndaky üýºüºip-çaºyºyp ýören mör-möjekleriò özlerini alyp baryºlary, Günüò howry ahyry Gaplaòyò ýüregine
düºdi öýdýän. Ol birsalymdan meni sähel unutdy-da,
beýle ýandaky kertiò kölegesine çekildi. Düýeden düºen
bolsam, Gaplaò gaharyny menden çykarsa-da çykarardy,
ýöne men beýdäýmedim. Tä kakam süri bilen öwrülip
gelýänçä, onuò içini ýakyp, düýeden düºmän oturdym.
218
ÝAGYª
Ýagyº ýagýar...
Ýagyº ýagsa hemiºe meniò mazam bolanok. Özümi
bir nätanyº ýerde myhmançylykda oturan ýaly birhili
oòaýsyz duýýaryn. Garalyp, ýüzi gamaºyp duran asman, ezilen eginbaºlar, bu zatlaryò hemmesi birhili
ýakymsyz.
Gök eºek, o-da häzir hol beýlede ýygrylyp,
gaòòasynyò içine toplanaýjak bolup dur. Süriniò garagörnüm iler-sinde joòkaryp oturan Beg ezilen garantga meòzeýär. Meniò bilºime görä, itlerem-ä ýagºy halaýan jandar-a bolmaly däl, häzir töwerekdäki parç
otuò arasynda otlap ýören süri bolmadyk bolsa, belki,
olam bireýýäm özüne bir süren tapardy.
Ýagyº Gün çykyp durkan ýagaýsady, ana, ºol meniò
gowy görýän zadym. Gün çykyp durkan ýagyº ýagsa,
bir adam guwanç bilen ýüzüòe gülüp bakan deý
ýakymly bolýar. Munuò ºeýle bolýany ýagºyò uzak
ýagmajagyny ýüregiò syzyp duranlygy üçin bolaýmagyda ahmal. Güne tarap seretseò, ýere inip gelýän sazlaºykly
damjalar dokma erºini ýadyòa salýar.
Ýagyº geçen meýdanda jalbaryòy dyzyòa çenli çyzgap aýlanyp gezmegem meniò halaýan piºelerimiò biri.
Gezip ýörkäò botinkaò öl bolup, ýuwlan burnuna
gözüò düºse, ol gedemje göläniò tumºugyny ýadyòa
salyp seniò gülkiòi tutdurýar.
Bir-de kömelekli atyzjyga sataºarsyò, ºonda etegiòden baºga kömelek salara gabyò ýokdugy ýadyòa
219
düºer. Kömelek salara bir amatly gaby ýanyò bilen
götermäniòe gynanarsyò.
Nämüçindir, hemiºe, onda-da ýagyº ýagyp durkan,
ýagyºdan soòky hezillikler, gowy minutlar meniò ýadyma düºýärkän?!
Ýagyº ýagsa, men özümi äpet bir jandaryò üstüne
atlanyp, obamyzdan, ejemden, klasdaºlarymdan, ähli
mährem zatlardan daºlaºyp barýan ýolagçy ýaly keýpsiz duýýaryn.
Bu gün ýene-de ýagyº ýagýar...
HORJUNDA GELEN ÇALJA GUZY
Çoluk daýy bir gezek örüden dolanyp gelende özi
bilen horjunyò gözüne salyp meýdanda doglan bir
çalja guzujygy getirdi.
Guzujyk diýseò kiçijikdi hem mähirlijedi. Ol özüniò
sandyrawuk sesi bilen häli-ºindi enesini küýsäp mäleýärdi.
Çoluk daýyò horjundan çykararyna mähetdel men
ony öz gujagyma aldym. Ýogsa-da guzujyklary erbet
görýän barmy diýsene! Menem olary oòat görýänleriò
biri. Ýöne oòat göreniò bilenem olar hemiºe seniò
göwnüò bolubam barmaýarlar. Seniò olaryò buýrasyny,
ýüz-gözlerini sypalasyò geler, eger göwünjeò bolsa,
goºulyºyp kowalaºyp oýnaýmagam göwnüòde ýok däldir,
emma ýanyna ýakynlaºarsyòam welin, olar diriò-diriò
bökjeklär-de, honda gider ýa-da gaçyp enesiniò arkasynda
gizlener. Ana, onsoò sen olar bilen dostlaºmagy näçe
isleseò-de, peýdasy bolmaz, göreniò bilen, synlanyò bilen
220
oòmaly bolarsyò. ªeýle-de olaryò ikibir, üçbir bolºup,
eneleriniò töwereginde gulajyklaryny selkildedip böküºip
ýörenlerini görmegiò özi-de bir hezillik. Hemiºe horjunda guzujyk gelse, onda onuò enesem mäläp, onuò yzy
bilen gelerdi. Özi-de, tä guzujygyny ýanyna goýberýänçäò
ynjalmazdy. Çalja guzynyò welin, yzyndan gelenem
bolmady, ony küýsäp, töwerekde oýtarylyp aýlanyp
mälänem. Gaýta, onuò enesini çoluk daýy sürä girip,
saýlap, tutup getirmeli boldy. Men, ene goýun mundan
soò, guzujygyny görüp imriner, ony öz aladasy bilen
gurºamaga howlugar diýen pikirdedim. Ýöne ene goýundan meniò ol eden çakym çykmady. Imrinme nire, zat
nire, ol çalja guzynyò ýüzüne-de seredenok, gaýta,
dyznaklap, tapyrdap çoluk daýyò elinden sypyp sürä
goºuljak bolup garabaºynagaý. Çalja guzy hamala öz
guzusy däl-de, ýedi ýat ýaly onuò ýüzüne-de seredenok. Barybir, çoluk daýy ony sürä goýberip: "Bar, alan
galaò özüòki" diýmedi. Ene goýnuò ýöne ýere dertazar bolup dyzanaklany, sypjak bolup urnany galdy.
Çoluk daýy ony eltip çadyryò ýeòsesindäki körpeçleriò
birinde ýerleºdirdi. Men ilkiler heniz bu ýörite gazylan
çukurlara körpeç diýilýäninden habarsyzkam, ºeýle-de
bu ýerde guzujyklaryò saklanýanyny bilmeýärkäm,
kitaby-myzdaky gadym döwür awçylary hakyndaky:
"...Gadym döwür awçylary pilleri, sugunlary we beýleki
haýwanlary awlamak üçin amatly ýerde gazylan garymlary hem giòden ulanypdyrlar. Olar gykywlaºyp haýwanlary ºol garymlaryò üstünden getiripdirler..." diýilýän gürrüòleri ýatlap, bu çukurlary kakam bilen çoluk
221
daýy hut gije-girim gelen mör-möjegiò gaçmagy üçin
gazandyr diýip oýlanypdym. Görüp otursam, çopanlar
bu darajyk gazylan körpeçleri ýörite guzusyny almadyk goýunlary gabap, mugyra getirmek üçinem ulanýan ekenler.
Sandyraýan sesli guzujyklar ºu çukurda birsalym
eneleri bilen bolansoò, olara höwrügmäge, enesiniò ýyljak süýdünden "ºap-ºapladyp" emmäge mümkinçilik
bolýar ekeni. Kakam bilen çoluk daýy körpejiò ýanynda çalja guzyny agyzlandyrmak üçin galdy. Meni bolsa
olar öl geýim-gejimlerimi çalºyrynmaga çadyra ugratdylar. Gury geýim geýnip, tüòçeleri oda goýup birýüzli
ediºdirip, çadyra geldiler.
Ýagyº bolsa öz aladasy bilen baºagaý bolup daºarda
galdy.
Ol indi bizi özüniò gury hem ýyljak gujagyna alan
çadyryò üstüne nagarasyny döwýärdi. Giòiº çadyryò
depesi irginsiz damjalardan ýaòa alaºapyrdydy. Wagtal-wagtal bolsa ol aram ýel bilen gelip, biziò oturan
çadyrymyzy süýkenip ýykmaga, güýç birikdirip ony
omzunyò arasyna alyp owmaga synanyºyk edýärdi.
Bu ýerden ne asman görünýär, ne-de ol ýerde bir-birlerine gysmyljyraºyp ýören bulutlar.
Agºam ýatylan wagty kakam meni pejiò gapdalynda
ýatyrdy, özi üçin çadyryò düýp tarapyna düºek atdy.
Çoluk daýy bolsa nançy goýny çagyryp, bir döwüm
gaty nany owradyp, aýratynlykda hezzetledi-de, soòundanam ony goluna baglap, çadyryò agzynda ýerleºdi.
Itler çadyryò töwereginde göze ilenok, ýöne olaryò öz
orunlarynda, süriò töweregindedigini bilýän.
222
Ertesi menem il deòinde ala daò bilen oýandym.
Çoluk daýy bireýýäm turup, süriniò yzyna düºüp giden
ekeni. Ýagyº diòipdir. Daºarda alawlap ot ýanyp dur.
Kakam gapdalda uzakda gije ºöwür çekip, sürini goran
itlerini naharlap ýör.
Ukudan oýanyp, çadyrdan çykan mahalym meniò
ilki ýadyma düºen ºol düýnki horjunda gelen çalja
guzujyk boldy. Men ondan habar tutmaga baran wagtym çalja guzy körpeçde töweregine boýurganyp duran
enesiniò art aýaklaryna süýkenip, göwünli-göwünsiz
ony emen bolup duran ekeni. Kakam gelip olary
synlansoò: "Hä, biý-ä bolaýypdyr" diýdi-de, goýun bilen
guzujygy körpejiò daºyna çykardy. Kakamyò köppejiò
içine seredip: "Hä, biý-ä bolaýypdyr" diýmegine men
soò düºündim. Ol düýn bu goýny daºemjekmikän öýden ekeni. ªeýle bolanda guzujygyò eneli ýetim bolýanyny, ony tä otug-ýança özge ene goýunlaryò üsti
bilen iýmitlendirmeli bolýandygyny kakam öò bir gürrüòçilikde meniò gulagymdan geçiripdi.
Ene goýnuò tizräk baryp, hol beýlede, agylyò gapdalynda bölejik bolup duran guzuly goýunlaryò arasyna goºulasy gelse-de, ol indi gyssanmady. Öz yzy bilen:
"Mä-mä — menem seniò bilen..." diýip gelýän guzujygyò aýagyna ýöräp, ony sürä tarap — köpüò biri
bolmaga äkitdi.
GÖZLEGDE
Bir gezek çoluk daýy garaýatakdan örüp ugran
süriniò yzyna düºüp ugraberjek bolan mahaly kakam
ony saklady.
223
— Sen, Ýomut, ºu gün ºol ºagalyò ugruna çyksana,
eliòe omurmany alyp, töweregi bir aýlaò-çaýlaò et,
onuò süreni, çakym çak bolsa, bizden uzakda bolmaly
däl. Ýogsam, onuò diºinde et galdy, hol çüri goýnuòam
çalja guzusy ýok, ol ºonuò iºidir. Geçen ýyl iki garyn
göteren çüri goýun ýadyòdadyr-la! Tizräk ºoò bilen
bellisini edäýmeseò, ol bize ýazylganlyk berjek däl!
Kakamyò bu ýumºy çoluk daýa tabºyrmagynyòam
öz emmasy bar. Sebäbi ol çoluk daýyny özünden has
mergen hasaplaýar. Çoluk daýy yzyna öwrülip, taýagyny gapdala atyp, çadyra girip, eli goºaly çykansoò,
üzeòòi oòarynyp eºegine münjek bolup duran kakama
ýüzlendi:
— Ol, neme, ýerinde ýok eken-le, Rahman aga?!
— Hä, nememi, bardyr... Duzhaltany göter, ºonuò
aºagynda bardyr. — Kakam çoluk daýynyò "neme"
diýýäniniò "okdugyny" bada-bat aòdy. Onuò ol oklary
meniò oýnap, ýa oda atyp, oglanlyk etmegimden ätiýaç
edip gizläp goýanlygy belli boldy.
— Ýör, Agadurdy bile gideli.
Menem mürehede ýakyn bolamsoò, Ýomut daýynyò
"ýör-howundan" galasym gelmedi.
— Bolýar.
— Tüpeò atylsa nähili, gorkýamyò?
— Duýdansyz atylsa, az-kem gorkmanam duramok
— diýip, men hakykaty boýun aldym. Çoluk daýy
maòa seredip, myssa ýylgyrdy. Men onuò nazaryndan
"Dogry sözüò uçin sag bol!" diýen manyny okadym.
224
— Biz tirkeºip gidip barýarys, Çoluk daýy menden
iki-üç ädim öòde, ýöne çoluk daýyò bolup barºy ºagaly
tapjaga meòzänok.
ªagaly görmek üçin men-ä öòe seretjek, ol bolsa
aýagynyò aºagyny — çägäniò üstünde galan yzlary
synlaýar. Meniò käbir zatlary çoluk daýa öwredesimem
gelýär. Ýöne men uly adamlaryò bizden öwrenmegi
kiçilik bilýänini, hemiºe özümiz öwretmeli diýip
düºünýänini ýatlaýaryn. Çägäniò üsti bolsa hut jigimiò
depderine meòzeº, çyzym-çyzym, besse-besse. Telim bir
ýapyda sary ýylanyò yzyny gördüm. Ýylan henize-bu
güne çenli özüme ýamanlyk etmedigem bolsa, nämüçindir,
ony meniò inim söýmezdi.
Belki, ol yz sary ýylanyò yzydyr. Sary ýylanyò nä
zäheri barmy ýogsam?! Biziò klasymyzdaky Abdylla
käte ony tutup, gyzlara özüne "Zor oglan" diýdirmek
niýeti bilen mekdebe guºak edinip, biline guºanybam
gelýär. Obada-da onuò yzyny görmeden aòsat zat ýok.
Eºejigiòi münüp bir gezek jeòòel boýundaky ýol bilen
ota gidip geläýmeli. Onuò yzy telim ýerde seniò öòüòi
kesip geçer.
Aslynda-ha, ýylana özüò degmeseò, ol saòa degmezmiº, ýöne biziò obamyz çöle ýakyn oturandanmynämemi, her ýyl telim adam ondan almytyny alardy.
Özleri-de ºeýle köpdi welin, margir Orlowam olary
tutup, halta-halta äkidip tükedip bilmezdi.
Wagty bilen çoluk daýyò nazary ýerden öz gözleýän yzyny tapmady. Meniò küýüme "O-da tilkä
meòzeº ahyryn, o-da öz yzyny tilkiler ýaly guýrugy
225
bilen sübseläp gidýän bolmasyn" diýen pikir geldi. Men
öz pikirimi çoluk daýydanam gizlemedim. Ol ýene-de
meniò ýüzüme seredip, ýöne ýylgyraýdy. Ýogsam, bu
ýerde ýylgyrara zadam ýokdy ahyryn. Heý, halalyò
bolsun, çoluk daýy! Näme diýseò ýüzüòe seredip, ýöne
ýylgyraýýar. Düýn, ýok, öòòindi öýdýän, ýagyº ýagan
günüdi, goºda çaý içip otyrdyk. "Daýy, bu näme?"
diýip, men onuò maòlaýyndaky aºyk ýaly çiºiò döremeginiò sebäbini soradym. Hut ºol gezegem ol hut
häzirkisi ýaly ýüzüne mylaýymlyk berip ýylgyrypdy.
Jogaby bolsa oòa derek kakam beripdi.
— Daýyò hol gün oba baranda bisabyrlyk edip,
biºip duran nahardan özüne özi guýnup iýjek bolupdyr. Özüniò öýündedigini unudypdyr. Ana, ºonda daýzaò gaharlanyp: "Meniò elimden iºimi alarça kim bolupsyò sen!" diýip, ýelmäpdir maòlaýyna çemçe bilen.
Kakamyò degiºýän bolmagy-da mümkin, ýöne menem ondan çynmy-ýalanmy diýip, çintgäp sorap durmadym.
ªol gözleg salyp ýörºümize biz bir otluk meýdanda
ýaòyrak guzlan goýnuò gapdalynda höwür bolup oturan bir köpegiò üstünden geldik.
Ol bizi ilki görüp, haýbatly-haýbatly üýrüp saklady.
Çoluk daýy tüpeò çenän mahaly bolsa ol ikiýana
elewräp, ºeýle bir gazaba mündi welin, üstümize zyòyp,
bizi düýt-müýt edäýerli göründi.
— Gördüòmi, onuò bolaýºyny? — diýip, çoluk
daýy maòa tarap baº atdy.
— Görýän.
226
— Görýän bolsaò, bilip goý, bu it gowy it ekeni.
Özi-de Sary keliò iti bolsa gerek. Onuò sürüsi-de ºu
töwerekde bolmaly. Ýaòy men tüpeò çenän mahalym
itiò bize näme diýenine düºündiòmi?
Men "ýok" diýdim-de: "Itiòem bir diline düºünip
bolarmy?" diýen manyda geòirgenip, kibtimi gysdym.
— Ol bize: "Goýun-guzy bilen iºiòiz bolmasyn, bu
malda siziò hiläòiz ýok, aljagam bolsaòyz, öläýmesem
eýämiò malyny bermerin, gowusy, öz ýoluòyza gidiò"
diýdi. Gowy häsiýetli it ekeni. Ýene bir ýalýagysy
bolan bolsa, tüpeò çenelenden guýrugyny ýamzyna
gysyp, ähli zatdan geçip gaçardy.
Biz itiò gapdalyndan aýlanyp, ony öz gününe galdyryp
gidip barºymyza men ilki itler hakynda, soòundan
gözläp ýören ºagalymyz hakynda oýlandym. Bu wakany obanyò heniz-henizlerem käte ýatlaýany üçin bolsa
gerek. ªonda ilki bolup, ilkinji gezek gören ºagalym
meniò ýadyma düºdi. Ol ºagal Ýazjuma Muhy diýen
bir adam bir gezek jeòòelde garabaºynagaý bolup,
kümesiniò üstüni basyrlyk gamyº orup ýörkä, oòa petepet gabat gelipdir. Özi-de ºagal adam görse gaçýandyr
welin, ºol gezek ºagal gamyº ýygyp duranyò gorkanyny aòypmy-nämemi, onuò üstüne çöwjäpdir. Duýdansyz duºuºykdan zähresi ýarylan Ýazjuma onuò bolºuny
görüp, ähli zatdan bizar bolup gaçypdyr. ªol gelºine-de
ol iki-üç gezek "Wa-aý, wa-aý" diýibem gygyranmyº.
Muòa gylaw alan ºagal ºundan soò-a hüjümi has-da
güýçlendiripdir. Ýöne bulaò ºol kowalaºyp geliºlerine
garaºylmadyk bir waka ýüze çykyp duruberipdir. Ýaz227
jumanyò janhowluna salgap, degene gözüm menden
däl edip, bulaýlap gelýän oragynyò ujy ºagalyò edil
gözünden geçip oturyberipdir. Munuò beýle bolmagy
Ýazjuma-da bir körabraý bolupdyr. Ol soòra telim
ýerde ondan gorkup gaçanyny aýtman: "ªagal üstüme
topuldy welin, menem elimdäki orak bilen berdim
onuò maòlaýyna" diýip gürrüò edipdi. Onuò "Waý"
sesini ilki eºiden bolsa, ºol töwerekde oýnap ýören
altynjy klasdaky Sapar Annaýew ikimizdik.
ªol ºagal telim günläp, tä Kelhatardaky Aman aga
görüp, üstüne gum sürýänçä görene göz bolup ýatypdy.
Ana, meniò ilki gören ºagalym ºol ºagaldy.
Günortan çaýyny biz özi ýok ýerinde Sary kel, öz
ýanynda Sary aga diýlip ady tutulýan çopanyò goºunda
içdik. Sary aga degiºgen adam ekeni. Ol maòa el
uzadyp: "Kak bäºi" diýip, göwnaçyklyk bilen salamlaºdy,
soòundanam näçenji klasda okaýanymy sorady.
— Dörtde.
— Hä, biziò Aýparça näçedekän?
— Aýparça Saryýewamy? — Aýparça diýlenden,
mugallymyò hataryndan üçünji partada oturýan, hemiºe
ýakasy owadan keºdeli köýnek geýýän gyz meniò
ýadyma düºdi.
— Edil özi, oglum. ªol Aýparça Saryýewa meniò
ºeýtanjygymdyr.
— O-da biziò klasymyzda okaýar.
— Hä, boldy, boldy. Onda sen oglan, biziò giýew
bolýaò-da?
Men näme diýjegimi bilmän, gyzaryp ýere seretdim.
228
— Saçyndan dagy çekäýmegin, zaluwat. Häzirden
gowy bolsaò, soò göz öòüne tutarys...
Sary aga ºeýtdi-de, meniò bilen aòsatjak tanyºdy
oturyberdi. Ilki birhiliräk bolsa-da, maòa tiz bu gürrüòi
degiºme hökmünde kabul etmelidigi belli boldy.
— Oglany utandyrma, Sary aga! — diýip, çoluk
daýy hem ýeri gelende meniò arkamy çaldy, hem
ortada duran gara taòka elini uzatdy. "Çaý iç, inim,
ýogsam suwsarsyò. Sary aga bereketli etjek bolup gowurmasyna atyp bilen duzuny atypdyr — diýip, meniò
käsämdäki çaýçorba ýene-de çaý guýdy.
Sary aga hem çoluk daýydan gep alyp galmady.
— Duz-a, inim, özüò ýaly bir gazykdan ýöretme,
don getir diýseò, taòka getirip ýören bir çolugym bar,
ana, muny gowranam ºol, duzuny atanam. Çorba-çolpy
ediläýmese, meniò-ä bu sadagasy gitdigimden datmam
ýokdur. Meniò-ä duzum özüme ýetik, muny goý, duzy
kemter kakýanlar iýsin.
Gepiò öwrülip bir çetiniò ýene-de özüne degýänini
aòan çoluk daýy ýeòsesini gaºap, pikirinden Sary aga
berjek jogabyny gözläp oturyºyna myssa ýylgyrdy.
— Sary aga, ºu çopanlaram gaýyn ene ýaly bir
millet bolýarmyka diýýän. Gaýyn eneleò täze gelen
gelne göwni ýetmeýºi ýaly, asyl ºu çopan halkynyòam
çolugyna aòsat göwni ýetmeýän ekeni.
Soòundan çoluk daýy maòa-da baº atyp goýberdi.
— Iýiber, inim, Sary aga beý diýip, biziò iºdämizi
kesip bilmez.
229
Itine juda göwni ýetýän borly. Sary aga bizden
galan goýnunyò salgyny alsa-da, onuò gözlegine çykmaga gyssanmady. Gaýta ýene-de derläp çaý içdi.
Arkasyny çadyra öwrüp oturyºyna: "Arkamdan ºemal
urup dursa, teý, içen çaýym göwnüme jaý bolanok"
diýip, bize gürrüò berýär. Itini ýatlap: "Mal eýesine
çekmese ºumluk" diýipdirler, itimem özüm ýaly gatyjadyr meò. On günläp barmasamam, ol aòsat goýnuò
töweregine adam getirmez. Munuò enesine beletdirin
men, ol wagt Boýnag-a tokarja güjüjekdi. Meniòem
çöle ilkiräk gelen günlerimdi. Hol, Gara Baýryò atasy
bolsa çopanymdy. Özem gaty garran ekeni pahyr. Uruº
döwri bolansoò zordanrak derde ýarap ýören eken
bende. Bir gün biz günortan çopan-çoluk iki bolup,
mallaram garaýataga gabap, çaýlaºyp, mesaýy gürrüò
ediºip otyrdyk. ªol arada gapdaldan zordanrak ýöräp,
leòòer atyp gelýän garry ganjyk göründi. Ol itýalakdaky zatlardan tamºanmaga barýardy. ªonda garry
çopan özüniòem garranlygyny ýadyna saldymy-nämemi,
ony görüp birden bozuldy. Oturyp-oturybam: "Barsaò,
döwran ötdi diýgin daglar-ow" diýip, güòleç sesi bilen
birden aýdyma zowladyp goýberdi.
ªol günüò öýläni bolsa gerek, ol meniò elime bir
gyrasy döwük çanagy berdi-de: "ªuny, garry item ýanyò
bilen äkit-de, Üç depäò ýanynda öòüne goýup gaýt"
diýdi. Men beýle zadyò boljagyny näbileýin, gitdim-de,
aýdylany etdim. ªol günüò ertesem bir sebäp bilen men
düýäme mündüm-de oba gaýtdym. Bir hepdeden gelsem,
garry it henizem goºa gelmän ekeni. Soò gidip habar
tutsam, ol pahyr ºol döwük çanagyò gapdalynda ölüp
230
ýatan eken. Biler bolsaò, inim, Boýnagam hut ºol itiò
neslidir"...
Sary aga gürrüò aralygynda öz goºundaky ganjygyò golaýda güjükländigini ýatlap, "Size güjük gerek
dälmi?" diýen manyda çoluk daýynyò ýüzüne seretdi:
"Ýogsam obada güjüjek getirip ber diýýänem gyt däl"
diýdi.
Güjüjek diýlensoò, men öz halym bilen bolmadym.
Antak-mantak ýöreºip ýören güjüjekler gözümiò öòüne
geldi:
— Maòa gerek — diýip, çoluk daýydan öòürdip
dillendim.
— Gerek bolsa, giýew, ýene iki-üç gün garaº, küle
ganjygyò güjüjekleriniò gözleri bir açylyºsyn. Size özüm
habar ederin— diýdi.
Sary aga meniò ºatlygymyò hem täsiri ýeten borly,
ol meni gözigidijilik bilen synlap ýylgyrdy.
— Näme etseò, ºu çagalara etmeli. Gör, giýew
oglanyò begenäýºini. Ikimize häzir biri "Wolgaò" açaryny
peºgeº beräýende-de ºuò ýaly begenmesek gerek.
— Ol gezek, ogul agtyjagyò bolan güni, obadan hoº
habar getirende, Garly permäò buºlugyna beren pullaryò näme? Begenmeseò, Sary aga, senden bir köpük
çykýamy — diýip, çoluk daýy begenen gününi Sary
aganyò ýadyna saldy.
— Adam gowy zada begenip, erbet zada gynanyp
bilýän wagty adamdyr-da.
— Onda ikimiz entek adam. Mahal-mahal ºatlyk
bizi serhetden geçirip görýär.
231
— Ojagaz-a eýýäm "Men atda ogly" diýip güjürdäp,
dünýäò gepini gepleýär. Öýe barsam dagy eýemsirenip,
gujagymdan çykmalydyr öýdenok. Aglasa-da "Atama
gitjek" diýip zowladýamyº.
Sary aga guwanç bilen obada dilli düwme bolup
düòküldäp ýören agtyjagyny ýatlap ºatlandy. Ol entegem biz bilen oturyp gürleºerlidi, ýöne çoluk daýy
günüò ileri aganyny agzap, turmak bilen boldy.
Hoºlaºyp, goºdan daºlaºyp barýarkak, çoluk daýy
gürrüòi ýene-de Sary çopandan tutdy.
— Sary kelde gürrüò kändir görseò, kel-dä...
Baýyrlara münüp-düºüp, telim sapar yzyò yzyna
düºüp gördük, ýöne olaryò hiç birisi-de bizi öz soragly
ºagalymyz bilen duºurmady. Biz goºa dolanyp gelen
wagtymyz süri bilen giden kakam heniz yzyna dolanyp
gelmän ekeni. Çoluk daýy hasyr-husur gazan ýuwup,
nahar atarmak bilen boldy. Men bolsa itenek-de-çomanak
bolup, ojagyò baºyna gapdalda basylgy duran ojardan
daºadym. Gaplaò meni görse-de, könäni ýatlap üstüme
topulmady. Ýa-da bu onuò öwreniºdigimikän? Çoluk
daýydan çekinýän bolmagy-da mümkin. A belki-de, ol
indi meni öz adamlarynyò biri, sürä golaýlaºmaga, goºa
girip-çykmaga hakly adamlaryò hasabyna goºup arkaýynlanandyr.
SÜRINIÒ YZY BILEN
Süri baýyrlaryò ýüzüne ýazylyp-ýaýrap otlap barýar. Kakam ikimizem tirkeºip, süriniò yzyna düºüp
232
gidip barýas. Öòde, sürä baº bolup barýan serkäniò
boýnuna dakylan jaòyò mahal-mahal düòòürdisi eºidilýär.
Süriniò yzyndan garrap, lagar düºüp ugran goýunlar
özbaºlaryna aýratyn bölejik bolºup barýarlar. Kakam
käte bir "häý, haýt..." diýip özünden barha daºlaºyp
barýan süriniò yzyndan gygyrýar. ªonda süriniò öòi
yza serpilip, lagar düºen goýunlara hem sürä ýetiºmäge
mümkinçilik bolýar. Kakamyò sürini sesine öwredýänem
bir gowy zat, ýogsam, häzir ony gidip gaýtarjak bolsaò,
gör, nirelerden aýlanmaly bolardy.
Esli ýöresegem, nämüçindir, hemiºe ligirdäp, ädim saýyn
öòüòden çykýan zemzenpisint suwulganlar häzir bize
gabat gelenok. Kakama sorag berip, bu ýagdaý bilen
gyzyklandym. Ol ºonda birwagt özi bilen çopan-çoluk
bolan Aganýaz agany gepletdi.
— Aganýaz aga bende: "Goýun geçen ýer ot geçen
ýalydyr, ol ýerde ýylanam galmaz, suwulganam" diýerdi. Onsoòam goýunda ýylan-suwulgan üçin ýakymsyz
ys bolarmyº. ªeýle-de, süri gijesi-gündizi ýylan, suwulgan bilen goºulyºyp ýorenem bolsa, olaryò ýylanyò
zäherinden heläk bolýany nega-da biridir.
Halypasyny ýatlamagy kakamyò göwün torbasynyò
açylmagyna, maòa ýene-de birnäçe zatlar gürrüò bermegine sebäp boldy. Ol gidip barºyna töweregi özüçe
okap ugrady.
— Ine, bu güllejek-güllejek bolup oturan zatlar
sazak, bu ýerlerde seýregräkdir, ol ak çägäniò bolsa bol
çöpi ºudur. Sazagyò bir hepde, ýarym hepde entejik
haýaly bar, martyò ahyrlaryna, apreliò baºlaryna gül
233
görkezip gözüò ýagyny iýer bi. Gyºda, ösgün bolup
gardan ýokarda galýany üçin, sowuk günlerde onuò
gadyry has aýratyn bolýar. Goýun malyò gyº höregidir
bi. Çopan bolsaò hemiºe haýsy çöpüò nirede bitýänini
göz astyna alyp, "Bir ýerde nepi deger" diýip ýörensiò.
Mahal-mahal süriòi ýowºanyò köp ösen ýerlerine hem
aýlamalysyò. Aganýaz aga bende goýna gerek ähli
däri-derman çölüò özündedir diýerdi. ªonuò diýºi ýaly,
ýowºan iýse, içi soguljanly goýun dertden dynar oturyber. Özi-de olam çölüò ir çykar otlarynyò biridir. Häzir
ýöräber bakaly, birki ýapy aºsak, öòümizden çykar,
onam görkezerin. Bir tutup synlasaò, soò hemiºelik
gözüòde galmagyna gowy bor. Özi-de goýun maly örän
ynjyk maldyr. Ony ýürekden gowy görmeseò aòar.
Ýogsam, ýüzüòe seretmesi bolmaz janawaryò. Ýöne ol
seniò kimdigiòi sesiòden biler. Akly gulagyndadyr. Sen
ol goºdaky düºekleriò aºagyna düºelen çöplere üns
berdiòmi? — Kakam ºeý diýdi-de, meniò ýüzüme
seretdi. ªol arada hem öz ýanyndan: "Bu bir ýaº oglan,
selniòi näbilsin, gandymyòy näbilsin" diýip oýlanan
borly, maòa jikme-jik düºündirip ugrady.
— Çopan üçin selin-siòren ýassyk-düºekdir. Siòren
çopan-çolugyò bagtyna döräýen bir çöpdür. Ezilip geleòde
özge zady tutaºdyrlyk etseò, aòsat oduò tutaºmaz, bir
gysym siòrene kükürt çyzarsyò welin, oduò ýag dökülen
ýaly tutaºar ötägider. Ýagyº näçe ýagsa ýagybersin,
onuò çygy ýüzüne almasy bolmaz, endamy ördekgazyò endamy ýalydyr.
234
Süriniò hol allowarradaky baýryò depesinden aòyrlygyna agyp ugramagy kakamyò gürrüòini togtatdy.
Gidip, ony gaýtaryp gelmelidigim belli boldy. Ýöne
sürä tarap ýönelenimem ºoldy welin, kakam menden
öòürtiledi. Ol elini agzyna tutdy-da: "Häý, haýt" diýip
sesini süýkdürip gygyrdy. Süri ºundan soò öòünden
kimdir biri don bürenip çykan ýaly güsürdäp yzyna
serpikdi. Serkäniò boýnundaky jaòyò mallary öz töweregine çagyrýan aladaly düòòürdisi eºidildi.
— Biziò baýyrlar berkdir. — Kakam ýöräp ugransoò
ýene-de ýaòky gürrüòini dowam etdirdi. — Goýnuò
yzyna düºüp, inip-çykyp ýörseò tiz maýyp eder. Elbetde, ýazda süriniò agyr mahaly onuò geçen yzyna
aýlanmaly. Ýaº guzulaò uklap, ota-çöpe çöròeºip galmagy ahmal. Özge wagt welin sürini endige düzüp,
ony sesi bilen bakmalydyr. ªonda bir-ä malyò abat
bor, birem süriniò yzynda ygyp, özüò heläk bolmarsyò. Beý diýsem, ýöne gygyrybam ýörmelidir öýtme, goýun maly gohy-da halaýan däldir. Halypamyz
Aganýaz aga bendäò sürüsine köpleriò gözi giderdi,
onuò üstünligini görüp bilmeýänlerem ýok däldi. Ýöne
olaram gyssanan ýerlerinde: "Aganýaz aga, ºuny
näderkäk, nähili bolýarka?" diýºer durardylar. Bir
gezek bolsa onuò sürüsine gözi gidýän çopanlara ferma müdirini yrmagam baºartdy. Ol çopanlar: "Aganýazyò sürüsinde sarç goýunlar az, ºoò üçinem abat,
hany, ºoòa toklam bir berip gör, ºonda onuò kimligi
belli bor" diýºen ekenler. Bir ýola seçgiden soò oòa bir
bölek tokly berdiler. Men ºonda bu ýerde bir gepiò
235
bardygyny aòdym. Aganýaz aga, aý, ol Aganýaz agada. Onuò bolsa göwni bir ýaly, ºeýdýäòizem diýenok,
gaýta maòa-da: "Haýyr, oglum, hiç zada darykma.
Gaýta bilmedik bol, mal eýesi biz bolsak, malymyz
bize meòzemelidir" diýýär. Dogrudanam, sarç toklular
bize bir hepde — on gün gan ýuwutdyrdy. Dürli
sürüde, dürli terbiýede önüp-ösen birtopar tokly, olar
ne-hä seniò sesiòi alga alýarlar, ne-de özüòi. Hersi bir
kelle, men-ä o mahal ýaº oglan welin, Aganýaz aga
altmyºy egne atan, güýji gaýdyºyp, bili gidiºen adam.
"Hany, ºularam bir Aganýaz aga mugyra getirýän
bolsa getirsin" diýlip berleni bes-belli. Men çydasamam, ol bu ºata uzak çydamady. Bendäò halys degnasyna degen borly, bir ýola ol maòa heniz bir ýerini
halallamankak (bir öwräò ot-çöpüni tutnukly tutup,
birkemsiz iýdirmäge Aganýaz aga "halallama" diýerdi), düýä goº-golamymyzy ýükletdi-de: "Sen, inim, barda, Gyzylgatydaky geçen ýyl Öwmät bilen Jumadurdynyò guzy alan ýeriniò töwereginde goºy düºüriber"
diýip ugratdy, özi bolsa sürini öòüne salyp gitdi.
Aganýaz aganyò bir hyýala müneni belli boldy. Süri
ºol ugraýºyna meniò günortana galyp-galman ýeten
ýerime — çar töweregi kert bolup, gyzylymtyl öwsüp
duran baýyrlaryò arasyna, gijöýlänler gelip indi. Ol
gün-ä ýatyp dynç aldyk. Ertesi Aganýaz aga sürüsini
üç tarapy kert gaýa bolup duran, agyl biçüw zawa
salyp, meni eli taýakly bu agylyò agzynda goýdy.
ªundan soò ol sürini üýºürip-ýazyp, olara ºeýle bir
darady welin, janawarlaryò iýenini burnundan getirdi.
236
Her gezegem sürini ýazyp goýberen mahaly, "hä-haýt,
gaýt!" diýip, özüniò basyksy, pessaý sesi bilen gygyrýar. Süri sesine serpilmese bolsa, ol ýene-de baºbozar
geçileri alýar taýagyò astyna. Aý, ol ºeýtdi-ºeýtdi-de,
bir hepdede sürini öz diýenine saldy oturyberdi. Nädersiò
onsoò "haýt" diýenden hyrra yzyna dolansa dursa.
Süri sesimize ýagºy öwreniºenden soò, biz ýene-de
dolanyp, öòki ýatagymyza göçüp geldik...
ªol gidip barºymyza bir gezek men özümizden
daºlaºyp barýan süriniò yzyndan ony kakamyò gaýtaryºy
ýaly gaýtarmak niýeti bilen: "Goº, aýlan" diýdim-de, öz
buýrugymyò netijesine garaºdym. Süri meniò sesimi
piòine-de almady, ol öòküsi ýaly lagambir ýazylyp
otlap ýör.
Ikinji gezekde meniò buýrugymy kakam özüniò
gyryljyk sesi bilen ýene-de bir gezek gaýtalady. Süri
güsürre ýeòsä serpilip, onuò bir sözüni iki diýdirmedi.
"Hüm bilen hümüò tapawudy kän ekeni".
Kakamyò elinde egri taýagy, ol ony arkasynda kese
tutup barýar. Meniò oòa "Getir, taýagyòy götereýin"
diýesim gelýär. Ýöne ilki-hä ebeteýini tapmadym, soòundan, onuò ýapa ýarmaºylan mahaly taýagyny söýget
edinýänini göremsoò bolsa, ol taýagy soramagy goýbolsun etdim.
Kakam wagtal-wagtal durup, elini gözüniò üstüne
kölegeledip, töwerekdäki baýyrlaryò ýüzüni synlaýar.
Ýogsam häzir töwerekde günem ýok, onuò gözüòi ýumjuklatmaga mejbur edýän ºöhlelerem. Onuò hyýaly
häzir asmana birsydyrgyn gara keçe bolup ýazylan
237
bulutlaryò aòyrsynda bir ýerlerdedir. Kakam dursa,
menem ondan uzaklaºman aýak çekýärin. Ýapylaryò
güneº taýynda läleleriò çog gyzyl bolºup oturanlaryny
görýän. Kakamyò diýºi ýaly, häzir baýyrlar düýrleniºipdüýrleniºip, bu ýerden bir ýerlere göterilip gidiberjege
meòzeýärler.
Meniò depe görsem üstüne çykasym gelip dur. Töweregi synlaman geçsem, asla göwnüme jaý bolanok. Her
depäniòem töwereginde birhili görnüº bar. Çölde her ot
öz neberesi bilen goºulyºyp, aýratyn obajyk bolup
ösmegi eý görýän ekeni.
Ýene birsellem ikimiz çöli ädimläp tüketjek ýaly
bolºup ýörenimizden soò, kakam maòa bir öwrümde
gerek bolar diýip oýlanandyr-da, ýene-de meniò üçin
töweregiò ot-çöplerini okap ugrady.
— Ana, hol, agyn baldak bolup oturan bolsa selindir.
Onuò gatyja gulpagy bolýandyr. Häzir olaryò, aralygyndan goýunlar, darak diºleriniò ýumºak saçdan geçiºi
ýaly, geçer giderler. Oòa barmysyòam diýmezler. Selni
özge otlar azalyp, çopançalap aýtsaò, bal bolan çaky
iýerler. Çopan bolsaò-a, otlary sen tanaýmalysyò. Malyò içgeçmä ýolugaýsa, onda sen ony dadranly ýerde
bakmalysyò. Aganýaz aga-ha onuò köküni gaýnadyp,
wagtal-wagtal süriò suw içýän nowasyna-da guýdurardy.
Bu çöpüò bolsa, ýandakdygyna sen beletsiò. Yssy
düºüberse, ol ösüp, töwerege has-da eýemsirener. Özi-de
ýazyò ýaºyl donuny yhlas bilen tä güýz gelýänçä
geýer. Ol düýeleò elýetmez höregidir, düýe ýaly suw238
suzlyga hem çydamalydyr. Ýandak minneti özüniò
uzyndan-uzyn tanap pisint kökünden çekýär.
Onsoòam biziò Badhyzymyz ot-çöpe juda baýdyr,
bu ýerde dag etegi ösümliklere-de, orta çöle mahsus
ösümliklere-de gabat gelersiò.
Lukman Hekim diýen adam bolsa bu çöpleriò hemmesiniò diline düºünenmiº. Syrkaw adamlary bejerende
ol ºu otlary derman hökmünde ulananmyº. Ol diòe bir
diºagyrynyò dermanyny tapyp bilmändir diýýärler. Ondan:
"Diºagyryò dermany nämedir?" diýip soranlarynda, ol
hiç zat diýmän: "Goparaýmasaò, alaç ýokdur!" diýen
manyda çem gelen çöpüò birini goparyp gidiberenmiº.
Süri birsalym ýazylyp-ýaýrap otlansoò, onda-munda
ýataklaýan goýunlar görnüp ugrady. ªeýle bolanda
mallaryò doýanlygynyò, indi birsalym dyz epip, dynç
almaga wagt ýetendiginiò alamatydygyny, kakam öò
bir gezek maòa aýdypdy. Biz ºundan soò süriniò
daºyna aýlanyp, onuò ýüzüni goºa tarap öwürdik. Süri
ýene-de baýyrlaryò arasy bilen öz akymyny dowam
etdirdi.
KEÝIK OWLAJYGY
ªol gezek Garly ferma goºa gelen güni hem ýazyò
möwjäp, öz ýazlagyny ýazlap oturan günleriniò birisidi.
Ferma gelende kakamdyr çoluk daýy ikisi-de goºdadylar.
Gollary tirsegine çenli çyzgalan çoluk daýy jamda
hamyr ýugrup, gömme çörek biºirinmegiò aladasy bilen
hysyrdanýardy. Kakam bolsa eºegiò gaòòasynyò köneliºen
tokalaryny aýryºdyryp, ony täzeden sazlamak üçin
239
keçesini, temen-bizini töweregine ýaýradyp otyrdy. Olar
hümürdeºip, iº arasynda bir zatlaryò maslahatyny edýärdiler.
Ferma müdiriniò tanyº maºyny gelip gapdalda togtan mahaly, kakam dagy özara maslahatlaryny soòa
goýup, myhmany garºylamak bilen boldular. Garly
ferma maºyndan düºensoò, meniò guzuly goýunlary
bölejik edip bakyp ýören tarapyma öwrüldi-de:
— Agadurdy, hany, bäri gel, köºek! — diýip, meni
ýanyna çagyrdy.
Men bakyp ýören goýunlarymyò ýüzüni goºa tarap
öwürdim-de, onuò gapdalyndan aýlanyp, Garly fermanyò özüme garaºyp duran ýerine gaýtdym. Ol golaýyna baranyma mähetdel, ýylgyryp, dabara bilen
münüp gelen maºynynyò gapysyny açdy.
— Köºek, hany, bir seret, gör, men saòa näme
getirdim? — diýdi.
Men gyzyklanyp, maºynyò içine seretsem, iki oturgyjyò aralygynda ýatan keýik owlajygyny gördüm.
Meniò ýüzümdäki sorag alamatlary bada-bat ºatlyk
bilen öz ornuny çalyºdy.
Garly ferma çaý baºynda keýik owlajygyny ilki
birki günlükde uzagrakdan görendigini, ºonda golaýda
bir ýerlerde owlajygyò enesi bardyr diýen pikir bilen
onuò duºundan geçip gaýdandygyny gürrüò berdi.
Bu gün ýol bilen geçip barýarka, ºol töwerekde
owlajyk ýene bir gezek Garly aganyò gözüne ilipdir.
Garly aga ýakyn baran mahaly ilki ol süýrenip gaçmaga synanyºypdyr. Ýöne ysgynsyz aýaklar onuò diýenini
240
etmändir. On-on bäº ädim gaçyp-gaçmanam, ot-çöpe
çolaºyp ýene-de ýykylypdyr. ªundan soò bu owlajygyò
bir derdiniò bardygy Garly aga aýan bolupdyr. "Kimdir biriniò çawan oky muny ýaralandyr" diýip oýlanypdyr. Emma owlajygyò bedeninde ýara yzy ýok
ekeni. Ol "Owlajyk çabgada galyp, buýandyr, oduò
gapdalynda birmeýdan ýatsa, damarlaryna gan ýöreºer.
Aýak üstüne galar, ana, onsoò özüniò keýik çagasydygy ýene-de onuò ýadyna düºer" diýen pikir bilen
hem-de bu ýerde meniò barlygymy ýatlap goºa getiripdir.
Çoluk daýy Garly fermanyò öwrediºi ýaly, ilki
oduò gapdalyna bir goltuk ýylgyn atdy, köneliºen
keçäni hem getirip, onuò üstüne ýazansoò bolsa owlajygy göterip, ýörite taýynlanan düºekde ýatyrdy.
Keýik owlajygyna meniò bada-bat mährim gitdi.
ªundan soò meniò ojagyò töwereginden uzak gidesim
gelmedi. Meniò indi bu owlajygy görüp durmasam,
baºga ýerde karar tapmajagymy kakam hem aòan
borly, ol guzuly goýunlary çoluk daýa tabºyrdy. Meni
bolsa goºda keýik owlajygynyò ýanynda galdyrdy.
Garly ferma-da çaý içensoò, merkezi goºa gidip,
owlajyga seretdirip, däri-derman etdirmek üçin doktor
tapyp geljegini aýdyp, maºynyna mündi. ªundan soò
owlajyk bilen men goºda ikiçäk galdym. Ol-a oduò
beýleräginde ýatyr, men bolsam ody öçürmezlik üçin
töòòeliräk gury ýylgynlardan getirip, oòa atyºdyryp
ýörün. Owlajygyò weli derdi özüne ýetik borly, onuò
wagty bilen aýak üstüne galasy gelmedi.
241
Çoluk daýy birsalymdan yzyna dolanyp gelip, ýene-de
owlajyk bilen gyzyklandy.
— Agadurdy, keýijek ezilen çörekden iýmändir
öýdýän?
— Ýok. Ol-a hiç zadam iýenok.
— Onda bir zat edeli, inim, muòa bir tokga gant
ezip içireli, ýüregini tutar.
— Bolýar, içireli. — Men ºeýdilse gowy bor diýen
niýet bilen, kömek bermäge taýyndygymy mälim edip
bada-bat onuò bilen razylaºdym. Dogrusy, ºeýle edilende,
owlajyga gowy boljagyna ynanmanam durmadym.
Owlajyk süýjüli suw içensoò, öýkenini bokurdagyna
üýºürip, üsgürip ugran mahaly, süýji zadyò oòa zelel
berip biljekdigi belli boldy.
Indi doktoryò gelerine garaºmakdan baºga alaç galmady. Doktor gelip owlajygy barlan mahaly, onuò
öýkeniniò sowuklandygy belli boldy. Owlajyga iòòe
sanjylan mahaly, men onuò ynjap tisginenini görmezlik
üçin ýeòsäme öwrülip durdum. Doktor biraz wagt
geçirip, ikinji iòòäni urup, baºyny ýaýkansoò "Öýken
ýeòläpdir, öýken" diýdi-de, ertirem gelip habar tutup
gitjegini aýtdy.
Olar hoºlaºyp gidensoò, çoluk daýy hem bireýýäm
alaò aºyp giden bölejigiò yzyndan ugrady.
Ýene-de goºda owlajyk ikimiz galdyk. Töwerekdäki
adamlardan özüne ýagºylyk ýetmese, ýamanlygyò
bolmajakdygyny owlajygyò duýgur ýüregi syzan borly.
Onuò gorkup, howpurganyp töweregini synlamagy
kem-kemden galyºdy. Ýöne owlajygyò gözleri süzüliºip
242
ýumulyberse welin, meniò oturyp-turup mazam bolmady. Göwnüme, bir bolmasy iº bolaýjak ýaly, owlajygyò gözleri bir ýumulansoò gaýdyp hiç mahal
açylmajak ýaly bolup duýuldy. ªeýle bolanda men
her gezek gapdalyna baryp, onuò kömelek ýaly bolup dürterilip çykyºyp gelýän ºahlarynyò birine elimi ýetirýärdim. Her gezek hem ºeýle bolanda owlajyk tisginip gözlerini açardy. Her gezegem ol gözlerini açansoò, meniò ýüregim ýerine gelerdi.
Garaòky gatlyºýança, bu ýagdaý telim gezek gaýtalandy.
Kakam süri bilen aýlanyp gelensoò bir süýtli geçini
sagyp, owlajygyò tumºugyny açyp agzyna süýt guýduk. Owlajyk tamºandy.
Ýöne onuò baºga iýip-egsen zady bolmady. Gapdalynda goýlan bir jam kepegi-de oòa derek çadyra
gelip-gidip ýören nançy goýun iýdi.
Gije ýatylan mahaly, owlajygyò üºemän ýatmagy
üçin onuò üstüni köne oýluk bilen pugta basyrdyk.
Ýöne men ornuma geçsemem keýijegi gaýgy edenim
üçin gijäniò birwagtyna çenli uklap bilmedim. Çoluk
daýynyò habaryny aýtmak üçin kakamy yralap oýaran wagty hem men oýadym. Ol pyºyrdap gepledi.
— Rahman aga, Rahman aga...
— Hä, näme?
— O janawar-a ýaòja gutardy.
— Näme?
— O janawar-a diýýän, ýaòy turjak ýaly etdi-de...
Kakam dikelip oturyºyna haýpygelijilik bilen baºyny
yralady.
243
— Bäý, bolmandyr-ow ol-a, Agadurd-a gaty gynanar.
— Ol-a ºeýle, ýöne nätjek-dä. — Çoluk daýynyò
gürrüò aralygynda uludan dem alýany eºidildi. —
Onda, Rahman aga, neme edäýeli, ºeýtsek nähili bolarka?
— Näme etsek?
— Häzir owlajygy äkidip, bir ýerlerde ýerläli.
Agadurdy görüp gynanmasyn, ertir bolsa oòa: "Keýik owlajyg-a gije ýatyrkak turup gidiberipdir" diýeris.
Goý, ol soò-soòlaram gören keýigini ºol gaçyp giden
keýijigidir öýtsün ýörsün.
Kakam çoluk daýynyò tapan çykalgasy bilen ylalaºan
borly. Ol keýijegi göteren ýaly edip, gujagyna göterdi.
Çoluk daýy bolsa ºundan soò çadyryò gapdalynda
ýatan pili alyp, onuò öòüne düºdi. Meniò gözümden
syrygan gözýaºymy bolsa olaryò hiç biri görmedi.
Ertir olar men oýanan mahalym agºamky maslahat
ediºleri ýaly, owlajygyò agºam ahmallykda gaçyp gidendigini aýdyºyp, ony daòyp goýmandyklaryna ahmyr ediºen boldular.
Ýöne men hiç kimden zat soramadym. Sebäbi men
agºamky gürrüòiò hemmesini eºidipdim ahyryn.
HAKYKY IT
Sary aga sözünde tapyldy. Üç-dört gün geçip-geçmänkä
onuò: "Rahmanyò ogly gelip, güjüjegini alyp gitsin!"
diýen habary geldi. Ýöne biz, kakam bilen çoluk daýynyò
iºi köp bolany üçin bada-bat habaryò yzyndan gidip
244
bilmedik. Ol ýere biz ºol günüò ertesi kakam bilen,
öýländen soò gitdik. Bagtymyza Sary aga-da entek
goºunda ekeni, ol ýaòyrak örüzip goýberen sürüsiniò
yzyndan gitmäge hyýal edip, eºegini gaòòalap duran
ekeni. Bizi görüp, Sary aga özüne mahsus açyklyk bilen
ýylgyrdy.
— Hä, giýewçe, gelýämiò köºek? Ýene-de bäº-on
minut gijräk geläýen bolanlygyòyzda, meni bu ýerden
tapmazdyòyz.
Biziò bilen salamlaºansoò bolsa, ol içi güjükli çukuryò ortasynda, bir oýnuò gopjagyny syzyp, boýurganyp
duran iti aldarlap kowmak bilen boldy.
— Gazap, bu nä boluº, utanaòokmy? Süri nirde, sen
nirde?
It Sary aganyò gepine sözme-söz düºünýän ýaly
bolup, oòa göni seredip bilmän, torsarylyp baºyny aºak
sallady.
— Aýyp bor, gardaº, onda-da saòa, men-ä sen bar
diýip sürüden arkaýyn, a sen bolsa...
It ºundan soò gidesi gelmese-de, Sary aganyò raýyny
ýykyp bilmedi. Ol boýlap duran çukuryndan böküp
çykdy-da, seòk-seòk edip, süriniò yzyndan gitdi.
Kakam bilen Sary aga goºda oturyp, ondan-mundan
gürleºip naslaºýançalar, örüp giden süri-de, mahal-mahal gaòrylyp yzyna gözleýän Gazabam alaòdan aºdy.
Sary aga agzyndaky nasyny döküp: "Öz-ä bir oýun
gopjagyny aòdy, janawar!" diýip, Gazabyò giden tarapyna
ýene-de bir gezek seredensoò, ornundan turdy-da, bizi
güjükleriò ýatan ýerine alyp bardy.
245
Çukuryò içinde bäº sany bir-birinden gowuja güjüjek
bar ekeni. Men «Kakam häzir bujagaz güjüjekleriò
çem gelen birini tutar. Menem ony gujagyma gysaryn»
diýen pikirdedim. Ýöne kakam maòa güjük saýlamaga
howlukmady. Çukuryò gyrasynda çommalyp oturdyda, ilki birsalym güjüjekleriò hereketini synlady. Soòundanam olaryò biriniò ýeòsesinden tutup ýokaryk göterdi.
sakarja güjüjek ala-goh bolup çyòsap ºermendelik etdi.
Kakam ony gapdalda goýdy-da, baºga bir güjüjegi
alyp, onam ºeýtdi. Bu güjüjek welin, waòkyrmagyò
ýerine, janagyryly çyòsap, iki gapdalyna agyz salmaga
baºlady. Kakam ol garadiºlek güjüjegi aldy-da, arkasyny
sypalap, soòundanam ony maòa uzatdy.
— Al, ine, ºu güjüjek seniòki!
Güjüjegi alsamam, kakam meniò ýaòkyja pökgi
garyn güjüjekden gözümi aýrasym gelmeýänini aòdy.
— Ogul, bilip goý, ynsanyòam, haýwanyòam sähel
zada ºermendelik ediberýäni kän bir halanylýan däldir.
Olardan oòòullyga garaºyp bolmaz. Gördüòmi, eliòdäki
güjüjegiò ýaòy hyòranyp, diºleºdirip boluberºini. Ine,
ºol hakyky it. Ol namysjaò, degmedige degmez, degeni
welin aýabam goýmaz...
Kakam wagtynda nämäniò nämedigini düºündirmedik
bolanlygynda men: "Kaka, ýaòkyja güjüjegi alaly-la!"
diýmäge çemelenip durdum.
Sary aga-da baº atyp, kakamyò pikirini goldady.
Diòe men ºundan soò öz güjüjegimiò tüýs meniò
isleýän, akylly, batyr itim boljagyna ynandym.
ªundan soò güjüjegimi gujagyma has-da berk gysdym.
246
ÇÖLÜÒ DEÒIZ GÜNLERI
Bu gün meniò oba dolanmaly günümdi. Çoluk daýy
bilen men irden hoºlaºypdym, ol süriniò yzyna düºüp
gidipdi. Kakam bolsa goºda, meni ugratmaga galdy. Ol
häzir töwerekde ol-bi iºlere güýmenip ýör. Men gitmezimden öò ýene-de bir gezek daº-töwerege aýlanmak
isledim. töwerege aýlansam öòem hut ºeýle bolardy. Bir
depäò üstüne çykasym gelerdi. Onsoò ýene bir depe
seleòläp üstüne çykasym gelerdi. Onsoò ýene bir depe
seleòläp görner... Garaz, depeden-depä aºyp barºyma,
goºdan gaty uzaklaºanymy bilmän galýardym.
Meniò gezim etmegime kakam hem garºy bolup
durmady. Bir diýen zady, uzak gitmäwer diýen manyda: "Garly ferme-de indi gelmelidir öz-ä" diýen söz
boldy. Garly aga birki günlükde meni öz maºynynda
oba äkitmäge söz beripdi.
Asman bu gün düýnküden açykdy. Günortadan —
Hindiguº daglary tarapdan öwüsýän ýakymly ºemal,
dag pisint ak bulutlary öòüne salyp alyp barýardy.
Onuò uzyn eteginiò bir bölegi bolsa ýeriò ýüzi bilen
süýrenip, bu ýerdäki ösüp oturan ot-çöpleri bir gapdala
ýaplap öwüsýärdi.
Bu gün özüm bilen oba gitjek güjüjegimi hem
ýoldaº edindim. Men indi kakamyò bu güjüjegi saýlap
alan güni aýdan gürrüòinden çen tutup, oòa Batyrja
diýip ýüzlenýärin. Hakykatda welin, entek onuò belli
ady ýok. Bir göwnüm ilkinji gezek kosmosa uçan
Laýkanyò adyny dakaýam diýýär. Ýöne ol gün çoluk
daýy: "Agadurdy, güjüjegiòe näme at dakdyò?" diýip
247
soran mahaly, entek onuò ady ýok diýenimde, ol bir
gürrüò aýtdy. "Kinolarda köp görensiò, hol, Çingaçguk,
Algyr laçyn dagy diýilýän indeýler bardyr-a, ana,
ºolaryò ilinde her kime ulalansoò, köpüò arasynda
tutýan ornuna görä, görkezen hyzmatyna görä at dakylarmyº".
Men ol indeýlere meòzäp, güjüjegim ulalýança-ha,
atsyz galdyryp biljek däl. Ýöne oba barýançam-a oòa
at dakmasam gerek. Oba baramsoò, ªeker bilen
maslahatlaºyp, oòa bir gowy at dakaryn.
Güjüjegim kiçijigem bolsa, tomalanyp menden galar
ýaly däl. Meniò çykan ýerime çykjak bolup, inen
ýerimden injek bolup dert-azar. ªeýle-de bolsa entek
onuò kiçijikdigi bildiräýýär. Heniz güýje girmedik aýajyklary ota-çöpe çolaºýar. Batyrja tomalanyp-tomalanyp gidýär. Her gezek ºeýle bolanda, men yzyma öwrülýän-de, gelip çyòsap duran güjüjegimi elime alýan.
Kakamyò ýanyndan gidýänligime biraz gynanýanlygym
üçin bolsa gerek, men töweregi synlap, gören del çöpümde
syn saklap barºyma ýene-de kakam hakynda oýlandym. Kimiò kakasy ýanynda bolup, öýlerinden giripçykyp ýören bolsa, onda ol maòa düºünmez, maòa diòe
"Kakam erte geler" diýip, ýola garap görenler düºüner.
Garaºyp görenlere kaka halkynyò gadyram bir baºgadyr.
Meniò üçinem ºeýle, kakam elýetmez bir zat. Ýogsam,
kakam käbir kakalar ýaly eý görýänini mälim edip,
gujaklap, ogºap ýören adamam däl.
Her gezek çölden gelende, men onuò öòünden çykyp salamlaºýan, düýesini çökeriºýän. Ol tüwdürilip
248
baryp, özüni göni üstüne zyòýan jigimi gujagyna alsada, ilki meniò bilen salamlaºýar.
— Oglum, sag-gurgun oturanmysyòyz?
— ªükür.
— Oba-gara, hemme gurgunçylykmydyr?
Ol gelen günleri toý edýän kän bolsa-ha "oba
toýçulyk" diýýärin, ýogsa-da "Hawa, obalaram saglyk"
diýýärin. Obada ölen-ýiten bar bolsa-da, ony bada-bat
kakama aýdamok. Ol ýagdaýlary çaý baºynda, ýeri
gelende ejemiò özi aýdyºdyrýar. Barmaly ýerlerini kakamyò ýadyna salýar. Kakam her gezek çölden gelende
toý bolan öýlere barmasa barmaz, ýöne ölen-ýiteni
welin ýatlap, ºol günüò özünde öýme-öý aýlanýar.
Öòräkler, bäº-dört ýyllykda, jigimden ulurak wagtlarymam kakam çölden gelende meni gujagyna göterip
ogºardy. Ýöne özüm nämüçindir, onuò beýtmegini
halamazdym. Ahyr bir gezekde bolsa men oòa:
— Kaka, indi meni ogºama! — diýdim. Kakam
nädendir öýdýäòiz?
Hakykatdanam, geò galdy.
— Nämüçin, oglum? — diýdi.
— Indi menem uly adam ahyry. Özüò-ä: "Meniò
ýok ýerimde öýüò eýesi sensiò!" diýýäò, özüòem...
Men kakam göwün edermikän öýdüpdim, ýöne
beýle bolmady, gaýtam, ol guwançly ýylgyryp: "Gör,
ogluò nireden öwüsýär?" diýen manyda ejeme seredip
gülümsiränsoò: "Bolýar, oglum, goý, seniò diýeniò bolsun!" diýip, meniòkini makullady.
249
Kakam ýanymda wagty men öz deò-duºlarymyò
haýsysy bilenem bolsa, bil guºanyºyp göreº tutmaga
taýyn. Pälwan hasaplanýan Kadyryò ýagyrnysyny ýere
degräýmek aòsadam däldir welin, geçen gezek Apat
kakamyò toýunda ºonam iki gezek, çopan badagyny
salyp ýykdym. Ol bolsa bary-ýogy meni ýekeje gezek
çilºirme bilen ýykdy. Munuò sebäbi bar. Sebäbi kakamyò golaýymdadygyny duýýan mahalym, hemiºe özümi
erkin hem öòkimden has edermen duýýaryn.
Kakaò golaýda bolsa, onuò gadyry baºga-la...
Bir depeden aºaklygyna inip barýarkam, iki sany
uruºýan pyºbaganyò üstünden bardym. Men öò hiç
wagt pyºbagalaryò urºuºyny görmändim, Olar uruºmagy
bilýändirem öýümezdim.
Görüp otursam, wagtal-wagtal bularam öz aralarynda hytda-da-mytda bolºup alýan ekenler. Ine, häzir
olar meniò öòümde biri-birine sürnüºen bolºup durlar.
Birek-biregi bat bilen süsen wagty olaryò arkasyndaky
okaralar çakyºyp, ºakyr-ºakyr edýär. Pyºbagalar boýunlaryny ýygnaºyp, gidiºip ugran mahallary, olar iki sany
düòderilen okara janlanyp çaknyºyp durana meòzeýär.
Ýapylaryò ýüzüni tutup ösen otlaryò köpüsini tanamok. Diòe okaralaryny agºamky ýagan ýagyºdan dolduran keýigokaralar maòa tanyº. Ondan iki sanysy
öýümizde, jigim bilen meniò bolýan otagymda hem
asylgy dur.
Ot-çöpleriò hemmesini tanamak, bilmek üçin çöle
köpräk gelmeli, kakam bilen, çoluk daýy bilen köpräk
250
tirkeºmeli. Indi meniò bu ýere tiz-tizden gelerin diýen
niýetim bar.
Tizden men köne goýunýatak bolany mälim bolup
duran ýerden geçip barýarkam, kömelegiò boluna duºdum.
Düýn bu ýere aýlanmadygyma ökünip, howlukmaçlyk
bilen kömelek çöplemäge baºladym. Hemiºe ªeker dagy
bilen goºulyºyp, kömelek çöplän wagtymyz aýdyºýan
sanawajymyzyò hem özi dilime geldi:
Höwrüò mende, kömelek,
Çykyp, Günde gerin sen.
Höwrüò mende, kömelek,
Ilki maòa görün sen!
Bu ýerde özümden baºga hiç kimiò ýoklugy ýadyma düºensoò, meniò kömelek çöpläbem ugrum bolmady. Häzir ªeker dagy ýanymda bolup, özüm bilen
deò gopuºyp, kömelek çöpleºip ýören bolanlygynda,
men olardan az çöplemejek bolup, gör, nähili ylgardym!
Bir gezek baºymy göterip töweregime gözlän wagtym goº tarapda iki adamyò maòa el bulaýlaºyp
duranlaryny gördüm. Olaryò beýle ýanynda bolsa Garly
aganyò maºyny maòa garaºyp durdy. Men güjüjegimi
gujagyma aldym-da, egnimden çykaran köýnegime
kömeleklerimi salyp yzyma dolandym.
Maºyn ýeriò pesi bilen gündogara, bireýýämden
bäri meniò pikirimiò bir gapdalynda ýola garap duran
öýümize tarap howlugyp barýar. Ana, ejem daº iºikde
dur, ol maºyn golaýlaºan wagty Garly aga baº egip
salam berýär. Meni bolsa gujaklap esli salym kükregine
gysyp, ýüz-gözümi synlap goýbermän durýar. Aglaýmagy251
da mümkin. Daýym gezelenje äkidende-hä dolanyp
gelemde aglapdym. Jigim bolsa ho-ol ýeòseki ýapda
gazlary kowalap ýör, oòa ºol gazlar bolsa bolanydyr.
ªekerler ilki-ilkiler gazlaryna degilýänine düýrügenem
bolsalar, indi olaram oòa hiç zat diýenoklar. Gaýta,
"Hol-a gazlar, özüò naharla, özüò kowalaº, nätseò ºeýt,
ýöne suwa gaçmasaò bolýar" diýiºýärler. ªeker-ä oòa
gaýta gazlary kowalaºaýmasa, "edýäniò näme?" diýmez.
O-da jigimi menden kem görenok.
... Ejemiò beýleräginde ªeker dur, onuò mensiz
obada içi gysandyr, gelenime begener, özi-de sorag
baryny berer. Bu gezek meò onuò soraglaryna jogabym
nagt. "Näme gördüò, çöl nähili ekeni?" diýse, çölde
ýöreden gündeligimi onuò eline bererin-de, “Ine, özüò
okap göräý” diýerin. Bolmanda-da men ol gündeligi öz
klasymyz üçin ýöretdim ahyryn.
Häzir çöl "tozap ýatyr" diýilýän çöle birjigem meòzemeýär. Ol häzir hut deòiz, ºol gezek daýym bilen
gezelenje giden ýerimde gören deòzim. Ýazylyp-ýaýrap,
owsun atyp tolkunyp oturan üsti meýdanly deòiz. Özide ol ºeýle bir giò welin, onuò ne baºlanýan ýeri bar,
ne-de ahyry. Sereden ýeriò owsun atyp, suw bolup
tolkunyp ýatyr.
Mugallymymyzyò gürrüòlerini ýatlasaò-a, çöl hem
öò birwagtlar deòiz ekeni. Ol soò-soòlar tebigat üýtgäp suwy çekilensoò çöl bolupdyr. Çölde ýaºaýan
janly-jandarlaryò köpüsi ºol mahallar suwda ýaºanmyºlar.
Atlar çölüò deòiz günleri onuò ýokarsynda pelesaò
urup uçýan çarlaklar ekeni...
252
Men bu ýerde bolup, bir zada göz ýetirdim. Çöl her
ýyl ýaz aýy gelende bir gezek owsunyp, ýaºyl öwsüp,
özüniò geçmiºini, deòiz günlerini ýatlaýan ekeni.
Biziò Garly aga bilen münüp barýan maºynymyz
häzir ºol tolkunlaryò arasynda gezip ýören gaýyga
meòzeº, ol bizi ýaºyl tolkunlaryò arasyna aýlap, ýüzüp
barýar...
253
Nowellalar
Gaýgysyz Atabaýewiò
ogullary
Reksiò ýalagy
Telwas ºapagy
Prometeý
254
Gaýgysyz Atabaýewiò ogullary
tuzynjy ýyllaryò baºlaryna men Aºgabatdaky
gysga möhletlik mugallymçylyk kursuny tamamlap, Tagtadaky ýaòyrak ýetim-ýesir
garyp çagalaryna niýetlenip açylan mekdep-internatda
müdir bolup iºe baºladym. Iºim ýetik, çagalary okadýanam, eºegaraba bilen odun, azyk çekýänem özüm.
Baºçaranrak çagalar hem maòa kömek edýärler. ªol
günleriò birinde gije biziò bolýan jaýymyzyò gapdalynda bir maºyn gelip saklandy. Daºa çykyp gelenleriò
habaryny alsam, olaryò biri oblastyò ýolbaºçy iºgägi
Änmet aga, ikinjisi bolsa Gaýgysyz Atabaýew ekeni. Ol
ýyllarda biziò Hywa etrabymyzda basmaçy ýetik bolansoò, onuò bir aýagy ºu ýerde bolardy. Birki ýola çagalaryò halyndan habar almaga geleni üçin, meniò özümem
onuò bilen tanºypdym. Bir gezek gürleºenimizde, men oòa
her çaga gün içinde näçe gram çörek düºýänini bir aýa
ýetirmek üçin näçeräk unuò gerekdigini ýüzümiò ugruna
çöp döwen ýaly edip hasaplap beripdim. Ol ºonda maòa:
“Häý, sen-ä maòa gerek adam ekeniò, seni irde-giçde
Aºgabada alyp gitmeli bolar, maòa ol ýerde hasapdan baº
çykarýanlar diýseò gerek” diýipdi. Mugallymlaram okan
O
255
döwrüm meniò hasap-hesip ugruna bolan zehinimi belläpdi. Atabaýewem muny bada-bat duýdy.
— Aman, sizi köpeltmekçi, häzir haýal etmän ýigrimiotuz çaga ýer taýynla!
— Ýoldaº Atabaýew? —Men öz ýagdaýyma belet
bolansoò nätjegimi bilmän ýaýdandym.
— Giò bol, Aman. Ýagdaýa düºünýän. Ertir saòa
kömek geler. Un hem iberderin.
— Häzir näderis, ýoldaº Atabaýew, düºek ýok, ýatara
ýer ýok, howa-da güýz howasy?
— Häzir saman jaýyòa saman düºe, uluraklar ºol
ýerde samana gömlüp ýylanar, çülpeleri jaýa salarlar.
Birsalymdan onuò diýen çagalary çölden alnyp gaýdylan çagalar araba-araba bolºup geldiler. Henizem gözümiò
öòünde ulularyò urºunyò arasynda galan horja garagözelejik kirlije çagalar. Daº-töweregim agyn ýöne göz bolup
dur.
Olar maºgalalary bilen çöle çykyp ýaºap ýören basmaçylaryò çagalary ekeni. Aòyrsy iki-üç günden olar
internata “Atabaýewiò çagalary» diýip at aldylar. Bir
hepde geçirip-geçirmän Atabaýew bizden ýene-de habar
almaga geldi. Ol ýarym-ýalaòaç çagajyklary synlap, soò
maòa ýüzlendi: “Aman, bilýäòmi näme, inim, goý, bular
biraz men Moskwadan gelýänçäm sende bolsunlar, bulary
özümiò bir etjegim bardyr... Ana, onsoò bular Görogly
bolsaò yzyòda durjak goç ýigitler bolup ýetiºerler” diýip,
maòa düºnüksiz bolan bir zatlaryò arzuwyny etdi.
Atabaýewiò ogullary iki aýa golaý biziò bilen ýaºadylar,
soòra bir gün gelip, olary arabalara dolduryp Daºhowza
alyp gitdiler.
256
...Ol günler Moskwanyò nemes goºunlaryndan goranýan, her ädim Watan topragy üçin jan-alyp jan berip,
agyr pursatlary baºdan geçirýän günleridi. Sentýabryò
baºlarynda ýagan gar küde-küde bolupdy. Men ºol sapar
gospitaldan çykyp, öz bölümimize gaýdyp barýardym.
Kazan wokzalynda otludan düºüp, metronyò girelgesine
ýönelenimem ºoldy welin, ýeòsämden kimdir biri “Aman
mugallym...!» diýip, meniò adymy tutdy. Yzyma öwrülsem,
ine, bir orta boýly inçemik leýtenant ýigit maòa tarap
gelýär.
Ol gülümsiräp edil alkymyma geldi. Men welin ony
ºindizem tanap bilemok.
— Salawmaleýkim, Aman mollum.
— Saglykmy inim, saglyk gurgunlykmydyr!
— Öýden hat-habar alýaòyzmy, mollum? Il-gün aman
otyrmykan?
Ol meniò bolup durºumdan tanamadygymy aòdy-da,
özüni tanatdy.
— Men ºol Tagtada siziò internatyòyzda bolup gaýdan Atabaýewiò ogullarynyò birisi.
Biz gujaklaºyp täzeden görüºdik.
— Ýa, senem-ä, ºeý diýsene jan ogul... Sen nädip bu
ýerlerik düºüp ýörsüò? —diýip, ºondan soò men onuò
bilen has-da içgin gyzyklanyp ugradym.
— Biz Daºhowuzdan gaýdyp Moskwa geldik. Harby
uçiliººede tälim aldyk. Biziò ýaºy uluraklarymyz urºa
öòräk gidipdi. Duºman Moskwany alkymlap gelensoò
bizem urºa gaýtdyk. Häzir Tulanyò eteginde söweºip
ýörüs. Ol ýerde biz Guderianyò goºunlarynyò öòüni sak257
ladyk. Häzir bolsa öz bölümimiz üçin urºa mobilizlenen
adamlary alyp gitmäge bu ýere geldim. Diºinde et galan
duºman gylawly, onuò tumºugyna kakmaly. Onuò üçin
bolsa güýç gerek mollum, güýç...
Bu sözleri aýdyºdyran mahaly men onuò ýumrugynyò
düwlüp gidenini, ýadaw gözleriniò bolsa ýitelip gidenini
gördüm. ªol gezek Atabaýewiò olary synlap aýdan sözleri
güpbe ýadyma düºdi: “Bular Görogly bolsaò yzyòda
durjak goç ýigitler bolup dörär, Aman...»
— Beýlekileriòiz nirede? — diýip men ondan ýene-de
ýoldaºlary hakynda öz bilesim gelýän zatlary soraºdyryp
ugradym.
Ol Moskwanyò depesine, günbatar-demirgazyga seretdi-de, elini howada gezdirdi.
— Hemmämiz ºol ýerde, ýoldag mollum. Faºist bilen
darkaº gurýas...
Soòundanam ýylgyryp, sözüniò üstüni ýetirdi.
— Häzirki pursatda, eýsem, Atabaýewiò ogullary nirede bolmalymyºyn?
Biziò beýle ýanymyzda duran topar adam gozgalaòa
düºüºip hatara düzüliºip, jemleniºip ugranyndan soò,
leýtenat ýigit meniò bilen gyssanmaç hoºlaºdy.
— Sag-salamat bol, inim. Atabaýewiò ogullarynyò
hemmesine menden köp salam gowºurgyn!
Men leýtenant ýigit öz adamlary bilen kese jaýyò
aòyrsyna öwrülip gözden ýitýänçä onuò “Häzirki pursatda, eýsem, “Atabaýewiò ogullary nirede bolmalymyºyn?»
diýen sözlerini öz ýanymdan gaýtalap, guwanç bilen
yzyndan seredip durdum.
258
Reksiò ýalagy
e rýem bu gün irden howlynyò aý
agujyndan gelýän goòºy dul aýalyò
ºelaýyndan gelen tanyº gülküsine oýandy. Onuò entegem ukynyò lezzetli dünýäsine berlip, öz
ýalaòaç endamy bilen ýyladan ýumºak düºegine çümüp,
dänjiräp ýatasy gelýärdi. Üstesine-de, onuò hiç ýerde
edýän piºesiniò hem ýok bolºy ýaly, alas-gopas gopup
ýetip barmaly ýeri-de ýokdy. Merýem barly ýeriò
hanymasydy. Onuò özünden on bäº ýaº dagy uly
adamsy, soòky döwürdäki ýurtlaryò aýrylyºma-goºulyºma
bilen bagly baºagaýlygyny, wagtynda ezberlik bilen öz
hususy bähbidi üçin ulanyp, ondan depseò-deprenmez
baýlyk gazanan öz ýanlaryndan özlerini hondan bärsilik bilen «täze türkmen baýlary» atlandyryp, il içinde
«soòra baýanlar» diýlip, tanalýan ertekilerdäki ýaly
göz-açyp ýumasy salymda baýan adamlaryò biridi.
Türkmeniò «soòra baýanlarynyò» hemmesi durmuºda
zannyndan gelip çykýarmy nämemi, hut biri-birleri
bilen ozaldan dilleºen ýaly, öz ºahsyýetleri babatda ºol
bir emel-hasaba görä hereket edýärdiler.
Gapylarynda göze gelüwli gymmat baha daºary
ýurt elýetmez maºynlarynyò birnäçesini keserdensoòlar,
M
259
olar dessine özlerine ºäheriò dürli ýerlerinde ºaròyldap
duran gatbar-gatbar jaýlar gurunýardylar. Heleýleriniò
üstüne ýaºajyk gelin-gyzlardan güni gazanmak hem
«soòra baýanlaryò» uly höwes bilen, biri-birlerini gaýtalaýan il ünsüne düºen häsiýetleriniò biridi.
Merýem hem öz gezeginde hut ºol elpe-ºelpelikde
ýaºamagy arzuwlap, aýal üstüne gelen näzenindi. Indi
üç ýyl bäri ol adamsynyò ýörite özi üçin satyn alan
howlusynda ýaýrap-ýazylyp, her babatda öz göwün
islegine ýetip ýaºaýardy. Howlynyò aýagujyndan bolsa
häzir, ýörite Merýem hanyma niýetlenip gurulýan iki
gatly kaºaò jaý howalanyp ýetiºip gelýärdi.
“Täze türkmen baýy» söýgüli keýwanysyna bu ymaratköºgi iki-üç ýyllykda ºol howly satyn alyp, onuò ygtybarly hat-peteklerini Merýemiò adyna geçirip ýören
günleri howlynyò öòki eýesiniò birkemsiz timar berlip,
ýaºamaga has amatly edilen ýeke gat jaýyny görkezip:
«Sen häli-häzire delmirip-darygyp ýörme-de, ºunuò bilen
oòòut et, soò men saòa köºk ýaly iki gatly jaý salyp
bererin!» diýipdi.
Ol özüniò bu sözlerini soòra ýaº çatynjalar bolup
Merýem bilen Italýan kenarlarynda beglik satyp, ýaòy
öýlenenlere mahsus bolan öýlenmegiò «bal aýyny» geçirip
ýörkän hem süýjülik bilen ýene-de birki gezek ýatlapdy.
«Soòra baýan» saparda bolmadyk wagty ol hemiºe
her hepdäniò üç gijesini gelip, öz söýgüli janasynyò
ýanynda geçirerdi, baºga wagtam, wagty-biwagty ýok,
sypynsa gelip, hemiºe onuò halyndan habar alyp, töwereginde aýlanar durardy.
260
Merýem goòºy aýalyò biwagt eºidilen joºgunly gülküsini halamady, giòiº ýatyº ýeriniò aýagujyna atylan,
ýalaòaç tene ýakymly haladyna gerinjiräp, elini uzadyp durºuna içinden: «Bu kemçiniò daò bilen nämä
böwregi bökýärkän?» diýip, öz ýanyndan näletleýji
käýindi.
Ýogsam, jümle-jahan bireýýäm ýagtylypdy, doganda ýüzüni çapady ýaly gyzaryp dogan Gün hem häzir
daga çykýana meòzäp, hasanaklap asmana göterilip
barýardy. Bu zatlardan diòe, jaýynyò penjirelerini galyò tutular bilen örtüp, töweregine garaòkynyò galasyny gonduryp ýatan Merýemiò habary ýokdy.
Merýem gözlerini süzüp, pallap, süýji gernip, penjiräniò öòüne gelen wagty goòºusy dul aýalyò özleriniò
täze gurunýan iki gatly jaýlarynyò gapdalynda, bir
hepde-on gün mundan öò adamsynyò «Jaýyò agaç
iºlerini ºuòa etdirjek, iller munuò ussalygyny öwdüler»
diýip, yzyna düºürip gelen inçesagt ussa ýigidi bilen,
mellek aralygyndaky adam boýy agaç germewe ýaplanyp, gümmezekläp duran boldumly sagrysyny kimdir
birine güjeòleýäne meòzäp, sähelçe ýaýkandyryp-guýruk
bulap ºüweleòli gürleºip durdy. Esasy gürleýänem, wagtal-wagtal jykyrdap, göçgünli gülüp goýberýänem ýenede ºol goòºy aýalyò özüdi, ýigit iºden elini aýyrman,
töweregindäki tagtalary ölçäp-biçip, kesip oturyºyna,
käwagt bir baº göterip, gülümsiräp oòa «hä» berýärdi.
Goòºy aýal kyrkdan bireýýäm geçen-de bolsa
görmegeýdi, syratlydy, henizem ýigit nazaryny özünde
261
egläp: «Hiç neneò baýtalça-ha däl ekeni» diýdirip,
özüne tamakin bakdyryp bilýän aýaldy.
Onuò rus aýallarynyò geýýän geýimleriniò biçüwindäki milli türkmen geýimlerini öz synasyna laýyklap
geýniºine hemiºe Merýemiò gözi gidýärdi. Ol hem öz
gezeginde ähli kalby söýgi-mylakat höwesli gelinler
ýaly geýinmegi hiç neneòsi görmeýän, her gezek sypalap-sypalap täze geýim geýende, özüniò öòküsinden
gözelleºendigine, ºundan soò adamsynyò özüne bolan
yhlasynyò has hem artjakdygyna ynanýan, islegli gelinleriò biridi. Ýöne ol mahal-mahal özüniò hem goòºy
aýalyò geýniºinden ugur alanyny, öz ýanyndan onuò
bilen gizlin bäsleºige girenini hem duýman galýardy.
Olaryò goòºuçylygy henize çenli adaty salamdan aòry
geçmändi. Adamsy oòa hemiºe bu dul aýal bilen
goòºusyrap, içginsiremezden, dawa-jenjel gopdurmazdan,
ýuwaºdan arama çenli gatnaºygyò çäginde bolmagy
maslahat berýärdi. Bu urnalist aýalyò ýöne aýal däldigini, onuò mahal-mahal telewizorda görnüºi ýaly
hökümet ýolbaºçylarynyò uly ýygnaklarynda hem ýalmanyp görnüberýänligini ýatlap: «Syryòy bilmesin, daºrak
bol» diýen manyda tabºyrýardy. Beýle aýallaryò elinden köp zatlaryò gelýänligini ýatlap, ondan özüniòem
biraz çekinmän durmaýanyny mälim ederdi.
Telim günden bäri öz howlusynda ýaºap iºläp ýören
hem bolsa Merýem gelniò ussa heniz ünsi düºmändi.
Onuò üçin özi begzada aýal, «pylan hanym» bolsa, ussa
ýigit hakyna tutulan adaty bir talabandy. Asyl-ha ol
adamsynyò yzyna düºüp, «lep-lep» edip gelende hem,
262
ony Merýemiò jyny almandy, daºyndan zat diýmese-de
içinden: «Iºiòi etjegem indi ºu sölite bolsa, bitmänler
geçer» diýip, öòem jaýyò gurluºygynyò gidiberºini öz
ýanyndan haýal görüp ýöreni üçin adamsyna igenipdi.
Gürrüò arasynda adamsyndan ol baradaky eºiden
soòky gürrüòleri bolsa onuò ussa baradaky öòki pikirleriniò üstüne ýene-de urna bolupdy. Adamsy oòa: «Bu
neresse öò Orsýetde harby uçiliºäni gutaran ofiser eken.
Alty-ýedi ýyl bir gowy bolup, komandir bolubam
iºläpdir. Soòundan ony: «Harby gulluga ýarawsyz» diýip, iºden boºadypdyrlar. «Hudaý urany pygamber hasasy
bilen dürtermiº» diýleni, üstesine, aýalam iki çagasyny
alyp, Orsýete, öz ýurduna göçüp gidipdir. Ine, ºondan
bärem ol onda-munda ygyp, talabançylyk edip güzeran
görýämiº...» diýip, gürrüò beripdi. Merýem bolsa badabat ºonda bu gürrüòden özüçe netije çykarypdy, ussa
ýigidiò hortaò inçesagtlygyndan çen tutup: «Keselli
bolsa, ol inçedir, sypaty aýdyp dur oò, aýaly hem
ºonuò üçin mundan elheder alyp gaçandyr, inçedir,
baryp ýatanydyr... ýokaºagan keselleriò birimiºin ol,
gowusy, ondan daºrak durup, häzir bolmakdyr...» diýip
oýlanypdy. Soòra ol bu barada anyk bir zat bilmesede, özüniò öýdeniçer bikesine, inçe bilen keselläniò gapgajynyò hem aýry bolmalydygyny ýatlap, ussa ýigide
nahary ony öýe sekdirmezden, öz beren ýörite gabynda
iºleýän ýerine ertip bermegi tabºyrardy. Bu ýalaga
meòzeº jamy Merýem ýakynda bazardan howlyny
goraýan Reks atly nemes owçarka itine niýetläp alypdy. Reks ondan häzire çenli bary-ýogy birnäçe gün ýal
263
ýalapdy, ol täzejedi. Ussa ýigit hem hiç zada ähmiýet
bermeýän ýaly hem bolsa-da, ol hem öý eýesi begzada
gelniò özi baradaky pikirlerini bilýän ýaly oòa asla üns
bermezdi. Käte bir gelip, köne jaýyò gapdalyndaky
kranyò baºynda durup, ondan el-ýüzüni ýuwaýmasa,
Merýemiò töweregine gelip hem ýörmezdi. Hemiºe ölçäpçenäp kesip, çüý depjäp bitelik edip, öz iºi bilen gümra
bolup ýörendir.
Merýem assa-ýuwaº basyp, töweregi bägül bilen
gurºalan howlynyò ol baºyndan beýleki baºyna ýazylyp ýatan asfalt ýodajykda gezmelän bolup, gurulýan
jaýa golaýlan wagty, ussa bilen gürleºip duran goòºy
aýal yzyna öwrülip gitmekçi bolup durdy. Ýöne
goòºusynyò özüne golaýlap gelýänini görüp, onuò bilen
saglyk-amanlyk soraºmak üçin ol ýene-de biraz bu
ýerde aýak çekdi.
Goòºular hemiºekileri ýaly baº atyºyp, sähelçe
ýylgyryºyp, gysgaça salamlaºdylar. Soòra goòºy aýal:
«Tüweleme, goòºy, jaýyòam sypaldygyça görk açyp
barýar» diýip, üste abanyp duran kaºaò jaýa gözügidijilik bilen guwançly seretdi.
— Ýöne uzaga çekdi-dä — diýip, Merýem biraz
ezmiljiräp, nägile bolandan boldy.
— Aý, ýok, nämesi uzakmyºyn? Geçen ýylyò ortalaryna baºlamadyòyzmy näme, gurluºygyna? Boý-a tiz
ýetiºdi. Ýöne gurluºyk bolsa onuò içiniòem hysyrdysy
ýetik bolýar-da näme — Goòºy aýal ilki söz uranda
Merýem bilen ylalaºmaýan ýaly görünse-de, soòra öwrülip,
onuò pikirine goºuldy. Merýem ýene-de halymsyrap,
264
jaýyò gurluºygynyò uzaga çekýänliginden nägilesiräp:
«Aý, indi gyºa çenli içine girip biläýsegem kaýyl»
diýen wagty häliden bäri öz iºine gümra bolup, bölekbüçek tagtalaryò arasynda nämedir bir zady gaçyryp,
indem ºol ýerden ony gözleýäne meòzäp, ünsli oturan
ussa ºonda ilkinji gezek edip oturan iºinden baºyny
göterdi. ªundan soò onuò öý eýesi aýalyò igenjini öz
hasabyna alandygy we oòa özüm jogap bermeli diýip
düºünendigi belli boldy. Haçanda ussa ýigit öz gabadynda ýaýkanjyrap, goòºy aýal bilen gepleºenden bolup duran Merýemiò ýüzüne sereden wagty gözler
ilkinji gezek biri-biri bilen sataºdylar. Merýemiò ºonda
kimdir biri kükreginden sähelçe iterip goýberen ýaly
boldy, süòòi duýlar-duýulmaz sarsgyn alyp gitdi.
Garaºylmadyk bir ýagdaýda ol özüniò agzynyò kepäp,
aljyrap ugranyny duýup, bada-bat ussa ýigidiò nazaryndan öz nazaryny sowmak bilen boldy. Sebäbi
Merýem nazary kaklyºan badyna, zenan duýgusyna
mahsus inçelik bilen, öz öòünde adaty bir ussanyò dälde, zenan halar, ýöriº etse aòsat öòünde durup bolmajak adamyò durandygyna, häzir onuò ýolbarsa, özüniò
hem oòa gabat gelen çöl jerenidigine, ýolbarsyò aldajy
nazary bilen «Häý, sen keýijig-ämi...» diýip, göwün
çaglap goýberendigine bada-bat düºünipdi.
Haçanda ussa ýigit: «Gelin, siz gaty howlugybermäò, herki zadyò öz sähetli güni bardyr, iºleriò gidiºi
hem hiç neneò däl, indi iºiò tutuº bitjek güni uzakda
däl...» diýende, onuò gepi hem garaºylyºyndan oòa has
mylaýym eºidildi. ªondan soò ussa ýigidiò hem kalbyn265
da haýsydyr bir düºnüksiz sarsgynyò barlygy sähelçe
duýuldy.
Goòºy dul aýal soòra bu ýere gelmeginiò sebäbini
mälim edýän äheòde Merýeme ussa bu ýerlik iºini
tamamlansoò, ony öz öýüne iºe çagyrmaga gelendigini,
erkeksiz içerde oòarmaly-goýmaly zatlaryò hem az
bolmaýanlygyny aýtdy.
Merýem ºundan soò, howlynyò içinde ýene-de oòamuòa sereden bolup, yzyna dolanyp, öýe gelen mahaly
ol henizem süòòünde ºol ussa ýigit sereden wagty
dörän garaºylmadyk saòòyldynyò bardygyny, özüniò
bolsa düºnüksiz ýagdaýa düºenine göz ýetirdi.
Soòra onuò mekdep ýyllarynda öz klasdaº oglany
Garýagdy bilen pynhanlykda ogºaºan mahaly hut ºeýle
pursady baºdan geçireni ýadyna düºdi.
Ol gele-gelmäne holodilnigi açdy-da, ol ýerde çygjaryp, sowap duran suwlaryò birini alyp açansoò, ony
gap-gaja hem guýup durmaga karary ýetmän, duran
ýerinden çüýºesinden baºyna göterdi.
***
Bu gün ýene-de Merýemiò hemiºe zenan höwesi
bilen sabyrsyzlyk bilen garaºýan ºol arzyly günüdi.
Merýem söýgüsi daºan, är-aýal jübütliginiò gadyr-gymmatyny bilýän, hemiºe ol gowulygy kalbynda ilerläp,
ony öz derejesinde goýup, mydam küýsegde gezýän
höwesli gelinleriò biridi.
Galyberse-de, ol görmegeýdi, ýigit halardy, onuò
zenanlygyny nygtaýan synalarynyò hersi öz ýerinde
266
bolup, mynasybetliden gelen gelºiklidiler, ºonuò üçinem
ol adamsynyò öz görk-görmegine maýyl bolanyna
ynanyp, buýsançly, hem baýrynyp ýaºaýardy. Onsoòam bu bol-telkilik, Merýemiò küýsäp gezen
durmuºydy, muòa ol özüniò, ençeme bu ýere ýetmäge
böwet bolýan zenan mertebesiniò üstünden, günüli
zenan bolýanyny hasaba alman, mertebe üstünden
ýeòillik bilen ätläp gazanypdy. Ýogsam ol öò kimdi?
Özi ýaly müòlerçe aýlykdan aýlyga çenli garaºyp,
ýetde-gütde ýaºap ýören zenanlaryò biri dälmidi näme?
Adamyòky çüwse-çüwer oturybir ekeni. Merýem «Soòra
baýanyò» ofisinde ýedi-sekiz aý terjimeçi, ºo barmana
küýsegli mähirgöýä bolup iºläp-iºlemänkä, ol hojaýynyò
hemiºe öz gaºynda görmek isleýän zenanlarynyò birine, soòundanam hakykatdanam onuò ikinji aýalyna
öwrülipdi. Hut ºol ertekilerdäki ýaly haýsydyr bir ak
guº gelip, ony öz çüòkünde göterip, bu ýere — öýe
akja bäbek düºüren ýaly edip getirip gidipdi...
ªeýle günlerde ol hemiºe-de adaty günlerdäkiden ir
oýanardy. Adamsynyò öz huzuryna geljegini ýatlardy,
bu bolsa hemiºe oòa lezzet bererdi. Ol bu gün ýene-de
endigine görä düºekden turandan soò gerinjiräp, süýji
pallap, penjiräniò öòüne geldi. Penjiräniò paçak ýaly
galyò, al reòkli, etegi polda süýrenip duran, boldan
edilen tutusyny bir eliniò syòragy bilen depjäp tutup,
biraz ýeòsä süýºürensoò, ýene-de daºarynyò habaryny
alarman boldy.
Töwerek imi-salalykdy. Häzir ol ýerde Merýemiò öz
içinden «Aýlanyp ýörendir» diýip, pikir eden, ne ussa
267
ýigit görünýärdi, ne-de agaç germawyò töwereginde
irden, ol ýerdäki towuk ketegidir öýüniò arasynda
alakjap, elindäki gap-gaçlaryny ºakyrdadyp, öz ýanyndan hemiºe özüni howlukdyryp gezýän goòºy aýal
görünýärdi.
Merýem töweregiò synçysy bolup, endigine görä alaòaçyk haladyò ýakasyndan göwüsleriniò birini sypalap,
lezzet alyp, ukudan açylyp, indem hä diýmän, meýdana
çykyp, irki maºklary etmegiò arzuwy bilen gerinjiräp
durdy. Haçanda ol daºary çykyp, ertirki maºklary ýerine
ýetirmek üçin egnine syrlaºyp, bedeniniò belendini belent, pesini pes edip nygtap duran geýimini geýjek bolan
mahaly, hamala bu özüniò öò etmän ýören iºi ýaly,
töwerekde ussa ýigitdir dul aýal goòºusynyò nazarynyò
bolaýmagynyò mümkinligini ýatlap, ilkinji gezek «geòirgäýmesinler» diýip, bir howa aladalandy. Özüniò indi
ussa ýigide hem näme üçindir öòküsi ýaly görünesiniò
gelmeýänligini duýdy. Häzir töwerekde bar bolaýmagy
ahmal ussa ýigidiò aýalynyò rus maºgalasy bolanlygyny,
onuò ýarym-ýalaòaç geýim-gejime dagy gözi öwreniºip
gidenini pikir eden mahaly Merýem ýene-de ekezlenip,
özüni ýaýdanjyradyp duran ol pikiri piòine almady.
Onuò daº çykanyny görüp, Reks hem aòyrdan
eýesiniò görenine, begenenini hereketleri bilen mälim
edip, ýalmanyp, guýruk bulap onuò ýanyna geldi, elini
ýalady, aýaklaryna çolaºyp berdi. Töwerekde ussa
görnenokdy, onuò çekiçdir paltasynyò sesi jaýyò içinden bir ýerlerden gelýärdi. Nemazaly goòºy aýal hem
häzir içde-daºda görnenok. Munuò ºeýle bolanyny
268
Merýem kem görmese-de, endigine görä ýene-de oòa,
halamazlyk bilen käýindi: «Ol ýasydaban henizem
ýatyrmykan serreýip?.» diýip, onuò «Asman ýykylaýsa
dirärin» diýip, aýaklaryny ýokary göterip, geçiguº ýaly
bolup ýatan gülkünç görnüºini göz öòüne getirdi.
Merýem howluda adaty ýerine ýetirýän beden
maºklaryny ýerine ýetirip boldum edensoò, Reks bilen
goºulyºyp, ýene birsalym töwerekdäki ýodalarda ylgaºlap
aýlandy, goºulyºyp öz hereketlerine ºüweleò bereni üçin
oòa minnetdar boldy.
Bu günüò «Soòra baýanyò» öz huzyrynda bolmaga geljek gününiò gadyr-gymmaty Merýem üçin
aýratyndy, ºeýle günlerde asla onuò galkynyp özüni
duýºy-da baºgaça bolardy, bezenip-beslenip, zenanlarça mynasyp garºylap, onuò göwnüne ýetesi gelerdi.
Ol her gezek adamsynyò geljek gününiò hormatyna
özüniò iki baº üçin gurnaýan meýlisini «Kiçijik toý»
diýip atlandyrýardy. Ähli söýgi höwesli esrek-maýa
gelinleriò ýanynda bolºy ýaly, onuòam bu pursatda
diýseò näzenin, diýseò mynasyp görnesi gelýärdi. Onuò
piki-rinde bu pursat iki sany juda bir-birlerine höwesli aýaldyr-erkegiò, ikisiniò iki ýerden, baldyrlaryny
çermeºip, mähir-muhabbet gatylan ak söýgi palçygyny
ýerli-ýerden «hä-de-hä» bolºup, ºopbuldaºyp depgilenýän
bir gowy pursatdy.
ªeýle günlerde bu gurnaýan «toýuna» niýetlenilýän
naharlary hem, köplenç, Merýemiò özi taýynlardy,
ºeýdilende hem-ä wagt tiz geçen ýaly bolýardy, hemem
269
özüò biºirseò, baºga biriniò biºiren naharyndan has
datly bolýan ýalydy.
Bu günem ol ýene-de ºeýtdi. Ilki adaty günler hemiºe
öz töwereginde bolup, öý iºlerine güýmenip öýdeniçerlik
edýän aýaly ak öýländen: «Daýza, bar, bu gün senem
agtyklaryòy görüp geläý!» diýip, ugradyp daºyny çolartdy. Diòe ºondan soò, özi öòüne öòlük baglap, gollaryny
çermäp, agºamky saçak üstüne alyp berjek naharlaryny
taýynlamagyò ugruna çykdy. Birsalymdan, duhowkada
süòòüne birtopar ajy, turºy, hoºboý ysly, tagama tagam
berýän ýetne-ýütneleri siòdirip biºip duran towugyò
ýakymly ysy aºhanany tutdy. Soòra ýokarsy ýazgyn üsti
almadyr nar, apelsindir banan bilen tümmeklenen miweli gap orta geçdi, dürli gök-akdan taýynlanýan iºdä
açarlar hem ºundan soò gezekli gezegine saçagyò üstünde
öz mynasyp orunlaryny eýelediler.
Merýem nahar-ºorluk aladalaryny bir ýüzli eden
mahaly, mylgyrap biºip duran towuk ysy nahar ýany
bilen bile äberilýän ysly ot-çöplerdir datly iºdä açarlaryò yslaryna goºulyºyp bark urýardy.
Merýem soòra wannaly jaýa geçdi. Geýim-gejimlerini howlukman ýekeme-ýeke çykaryºdyryp gapdalyna atdy. Bu ýer Merýemiò küýsegli ýerleriniò biridi.
Her gezek adamsynyò gujagyna dolmazyndan üç-dört
sagat öò wannanyò gujagyna dolmak onuò halaýan
piºesidi, ol ºonda öz teniniò ýuwaº-ýuwaºdan pamyk
ýaly ýumºak, näzik, erkek halar ýakymly tene öwrülýänini, wannanyò içinde meýmiräp o ýerini-bu ýerini
lezzet bilen sypalap ýatyºyna duýýardy. Wannanyò
270
gabat garºysynda diwaryò uly bir bölegi bolup duran
aýna bardy. Ana, ºol aýnada wanna häzir ak gaýyga,
ak köpürjikden boýnuny çykaryp meýmiräp ýatan
Merýem bolsa, ºol ummanda ygamlap ýören gaýygyò
dünýäden bihabar bolup ýatan eýesine meòzeýärdi.
Göwün ýüwürdip erkek adamyò gelerine garaºýan
zenanlar hemiºe bu pursatda diýseò lezzetli duýgyny
baºdan geçirýärler. Häzir Merýemiò hem baºyndan
geçirýäni hut ºu pursatdy. Merýem bagtly bolmagyò
ugruna ýörite çykan gelindi ahyryn, bagtly bolmagyò
bolsa özüniò ºertdir ºahalary bardy, ºeýle-de ol ýekäni
asla kabul etmeýärdi, onuò ýanyna baranyòda hemiºe
aýal-erkek — goºa bolup barmalydy.
Merýem wannadan çykansoò, süòòüniò suwuny
sarkdyryp, aýnanyò alkymyna geldi, özüniò gowulyk
bolup sähelçe bugaryp duran endamynda syn saklap
durdy. Ol ýalaòaç bedeniniò ak mermere meòzäp,
täsirli bolanyny, memme-göwüsleriniò ikisiniò iki ýerden güberiliºip-tözleniºip, süsüºjek bolýan goç-guzynyò
ºahla-ryny ýatladýan garalyp-zürreliºip memmelere
öwrülip görk berýänini gördi, buýsandy. Merýem
göwüslerini sypanda onuò ºol dyòzaºyp duran göwüsleri
indi telim ýyldan bäri arzuw edip, düýºünde görüp
ýören ak bäbeginiò agzyna alyp beresi geldi. Çagalaryò
höwes bilen emme emiºlerini ýatlap, öz bäbejiginiò
hem dogulsa, özüni emip-emip hezil etjekdigini ýatlady.
ªol pursady pikir edip birsalym dünýäni unudyp durdy.
Merýem aýnanyò öòünde durup saçlaryny daransoò, soòra ony örüp, aýlap ýeòsesine atdy, aýnanyò
öòünden aýrylman durºuna sähelçe gapdala uzyn ak
271
bilegini uzadyp, hoºrow ysly atyr çüýºeleriniò birine
ýetirdi. Ondan barmagyny ölläp, ilki gulaklarynyò etegine, soòra ýaòagyna, boýnuna elini ýetirdi. Ýogsam, ol
adamsynyò atyr ysyny kän bir halamaýanyny, onuò:
«Meniò ýanymda gowy boljak bolsaò, himiýa çalynma!» diýeni-de ýadyndady. Ýöne ol özüniò zenanlygyny edip, her gezek atyra el ýetirenini duýman galýardy.
Merýem otagyna dolanyp gelip, her ädim ädende
budunyò bir gapdaly akjaryp görünýän, gapdaly çäkli
täze tikinen köýnegini geýen wagty, ýene-de goòºy
aýal onuò ýadyna düºdi. Sebäbi ol beýle köýnegi ilki
ºonuò egninde görüp, höwes edipdi. Düýn giçlik Merýem
ºäherden dolanyp gelýän mahaly täze jaýlarynyò golaýynda, goòºy aýalyò eli nahar jamly ýetip gelýän
mahalynda oòa ýene bir gezek gabat gelipdi. Goòºy
aýal ºonda: «Bir delje nahar biºirdim-de, siziò ussaòyza
hem dadyraýyn diýdim” diýip, towlanjyrap ýylgyrypdy. Merýem onuò duºundan birbada baº atyp näme
diýjegini bilmän, makullap sähelçe ýylgyryp öten-de
bolsa, soòra öýlerine gelensoò: «Saòa köpegiò yºgyna
düºen ganjyk diýerler» diýip käýinipdi. Mahal-mahal
Reksiò ýalagyna guýlan naharyò ussa ýigidiò ýanyndan baºy bozulman yzyna gelýäniniò sebäbine hem ol
ºonda düºünipdi. Sebäbi ussa ýigide gapdaldan gelýän
naharly okara bar bolsa näme. Merýem bu gezek,
goòºy aýaly ilki gören, aralykdaky germawa oýkanyp
durºuna, goòºy mellekdäki oty boýnuny uzadyp iýjek
bolup gezelip duran ekinçi geçä meòzetdi. Içinden: «Ol
272
kemçin bu günem bir bahana bilen gelen bolmasyn»
diýen öýkeli pikir bilen penjiräniò tutusyny biraz gapdala syran mahaly ussa ýigidiò iki-üç sany tagtany
goltuklap, basgançakdan göterilip, jaýa girip barýanyny
gördi.
Merýem bu günem ºeýdip, ýene-de adamsy gelmezinden öò süýji pursatlary üçin göwün çaglap höwes
bilen bir kemsiz taýynlandy. Aýak ýygnanyp, garaòky
bireýýäm gatlyºypdy. Indi «hä» diýmän «Soòra baýan»
begzadanyò baýrynyp münýän beg maºyny gelip, gapynyò öòünde kesermelidi. Merýem ony ýene-de gapynyò
agzynda öòünden çykyp, boýnundan aslyºyp, öòküsi
ýaly mähirdir näz-u kereºme bilen garºylamaga häzir
bolup otyrdy. Ýöne «Soòra baýan» begzada welin bu
gün näme üçindir wagty bilen gara bermedi. Gije bolsa
barha garrap-goýalyp gidip barýardy. Merýem ýene-de
daºarynyò habaryny almak üçin penjiräniò tutusyny
biraz ýeòsä serpip, ýol gözlän mahaly, töwereginiò
giòiºligini alan Reksiò ony-muny ysgan bolup, howlynyò içinde aýlanyp ýörenini gördi, birde ol seòkildäp,
täze gurulýan jaýyò öòüne baryp, hamala ussadan öz
ýalagyny yzyna sorap alyp gaýdyberjege meòzäp, jaýa
seredip, durup-durubam gaýdýardy.
Telefon jyòòyrdan wagty Merýem adamsynyò ýolda öz ýanyna ýetip gelýänligine, onuò maºynynyò
tizden çyralarynyò ýagtysy bilen gijäni gar süýºüren
ýaly, öz öòüne salyp, dabara bilen howla girip gelºini
pikir edip, göwün ýüwürdip otyrdy.
273
Merýem tisginip gapdalynda ýatan telefony göterdi.
Telefondan biraz gyryljygrak tanyº ses eºidildi.
— Otyrmyò?
— Nädeýin? — diýende Merýemiò sesi biraz aladaly, biraz igençli eºidildi.
— Oturyber. Biz häzir bu ýerde ºol aýdan daºary
ýurtlular bilen baglanyºmaly ºertnamany iºläp otyrys,
ýene birsalym eglenmeli boljak, sen maòa garaºman
iýip-içiber, meniòem sypyndygym-bardygym...
ªeýle pursatda telefon sesi Merýemiò halamaýan
zadydy, sebäbi ol köplenç ºeýdip bimahal jyòòyrdasa,
«Bu gün baryp biljek däl», «Ol öýde bir alada bar,
ºoòa barmaly...» diýen ýaly bir-birinden ýakymsyz habarlary getirerdi.
Merýemiò ýüzi könelip, keýpi gaçdy. ªundan soò
ajygan hem bolsa, onuò saçak üstündäki zatlardan
iýip-içibem kän bir mazasy bolmady, ondan-mundan,
hersinden sähelçe garbanyp, biraz güýmenip, wagt
geçirmek üçin telewizory açdy.
Telefon ikinji gezek jyòòyrdan mahaly eýýäm gijäniò
gaýry bir mahalydy. Merýem ºol garaºyp, telewizor
synlap oturyºyna halys ýadap ýaòy ymyzganypdy.
Bu gezekki gepleºik has-da gysga boldy.
— Merýem!
— Hümm!
— Men baryp bilmeýän boldum. Sen garaºma,
ýatyber. Ertiriò bir ýerinde aýlanyp gaýdaryn... Reksi
naharlaò!
274
Merýemiò hut jany gurs ýandy. Hamala ºol günäkär
ýaly, elindäki telefony düºegiò üstüne atyp saldy, dodaklary öz-özünden titräp, damagy dolup, gözünde garaºylmadyk
ahmyr düwmejikleri buldurady. Ol bu öz tutýan «kiçijik
toýuny» on iki süòòi bilen küýsäpdi ahyryn. Serpmeden
gaýdan ýaly bolan gelin ºundan soò janyna jaý tapmady,
öýüò içinde käýinip ygamlady, «söýgi sazynyò» är-aýal
iki baº bolunmasa çalynmaýanlygy barada içki harasady
bilen jan ýakyp aýlandy.
Munuò bäº-alty sagat ozal adamsynyò göwnüne
ýetmek üçin apalan-sypalan, ºol bir wagtda hem öz
zenan mynasybetini nygtap geýen ardy çäkli, täze
tikdiren köýnegi hem ºundan soò onuò janyna ýaramady, ol ony-da egninden sypyryp, düýrläp gahar
bilen jaýyò bir duluna atyp urdy.
Barybir, ol munuò bilenem köºeºmedi, gaýta ýene
birsalymdan baºga söwdaýy höwesli pikirleriò köpelýänligini, ýaòaklarynyò gyzyp gyzaryp, kalbyndaky söýgi höwesiniò barha möwç alyp, onuò öz kalbyny deòiz
tolkunlarynyò arasyna düºen boº çelek ýaly bir-birlerine
oklaºyp, gapyºyp oýnaýandyklaryny duýdy. Onuò häzir
hamala ºeýdende ähli zat öz isleýºi ýaly, gül-de-gülälek
bolaýjak ýaly, öòündäki üsti nygmatly stoluò bir ýanyndan
göterip düòderip goýberesi geldi. Soòundanam sen-de
ýok, men-de, duran ýerinden özüni ýatyº düºegiò
üstüne ýüzin taºlady, sojady.
Reks janagyryly üýrüp ugran mahaly, Merýem inçejik tama bilen ýassykdan baºyny göterip, ýene-de
gijäni diòirgendi.
275
«...Ýene-de iºlerini gutaryp, bäri gaýdyberen, meni
küýsän bolaýmasyn...» diýip, maºynyò sesini eºitmek isledi. Itiò gapynyò öòünden eºidilen hökümli sesi, soòra
sarka-sarka daºlaºyp gidip, birsalymdanam goòºy melleginiò töwereginden bir ýerlerden eºidildi, onuò ýene-de
wagtal-wagtal galan-gaçana aýlanyp gidýän goòºy piºigini
kowalap gideni belli boldy. Reksiò garagollygy ýene-de
indi telim günden bäri o sebäp, bu sebäp bilen öz
ussalarynyò töwereginde aýlanýan goòºy dul aýaly onuò
ýadyna düºürdi. Merýem ýene-de ony ýatlan mahaly
ajy tüsse ysyny alan ýaly halamazlyk bilen seòrigini
ýygyrdy. Yzysüre-de ussa ýigidiò gözünde galan ýolbars
nazary ýene-de onuò göz öòüne geldi. Bu gezek ussa
ýigit oòa has içgin hem hyrydar seretdi, Merýem hatda
onuò nazarynyò özüni görende, köz ýaly köräp gidenini
hem gördi...
Merýem bir eline üsti hoºboý ysly towuk salnan
mejimäni, bir eli bilen sowadylyp goýlan ºampan içgisiniò
bokurdagyndan tutup, öz höwesiniò öòüne düºüp, dünýäni
unudyp, täze jaýyò bir gatynda arlap ýatan ussa ýigidiò ýanyna barýan mahaly wagt eýýäm gijäniò gaýry
bir çagydy...
* * *
Ussa ýigit ºol Orsýete gidiºinden ençeme aý ol ýerde
ýitip, maºgalasynyò arasynda bolansoò, güýzüò baºlarynda
ýene-de ozalky öz ussaçylygyny dowam etdirmek üçin
yzyna geldi. Ol gidende özüniò ussaçylyk edýän gurallaryny dul aýalyò iºlerini bitirensoò, ºol ýerde saklawa
276
galdyryp gidipdi. Häzir bolsa onuò dul aýalyòka ºol
gurallary üçin köwlenip gelip durºudy. Ol gelende
«soòra baýan begzada» täze jaýa göçüp, ýaòyrak bolan
oguljygyny mertebeläp, engam baryny döküp, märeke
üýºürip toý edip otyrdy.
Ussa ýigit ol toýa «Gutly bolsun» diýmäge baranda,
howludan giren ýerinde, özüniò öò telim wagtlap nahar iýen tanyº jamynyò Reksiò öòünde duranyny
gördi. Jam bol ýuwundydan dolup-daºyp duran ekeni...
277
Telwas ºapagy
a ºynyna tümmekläp çagyl ýükläp,
gurluºyga tarap geçip barýan Ýagmyr
oba ýetiberende, üç-dört ýaºlyja bezemenje gyzjagazyò elinden tutup, bereketli guýma guºagyny
güjeòleýän ýaly, ony ýaraºykly gyrmyzy köýnegiò içinde
sähelçe ýaýkandyryp, öz maýdalyna köçäniò bir gyrasy
bilen ýöräp gelýän syratly aýalyò yzyndan ýetdi.
Ýagmyr ºofýor ony dessine tanady, ol kolhoz
baºlygynyò keýwanysy, obada Miwegözel adyny alan,
kyrk töweregi ýaºap gelýän näzenindi.
Indi telim günden bäri mahal-mahal Miwäniò pikirini
edýän, onuò bilen hyýalynda ýüzbe-ýüz bolºup gürleºip
ýören Ýagmyr ºofýor Miwäni bu ýerde görüp, öz
gökdäki dileginiò ýerde gowºandygyna düºündi.
Yzdan ýetip gelýän maºyn birden ýer sürpäp, gapdalynda saklanan wagty, ýas-ýaòy onuò öz duºundan
geçip gidenini pikir eden Miwe aýak çekip, ýalta
maºyna tarap seretdi.
Ol klasdaºy Ýagmyry tanansoò bolsa, owadan diºlerini
görkezip, myssaja uýatly ýylgyrdy. Hemiºe-de ºeýdip
her gezek Ýagmyra duºanda, onuò ýüzüne duýlar-
M
278
duýulmaz uýat tolkunlarynyò öz-özünden çaýylyp
gidäýmesi bardy.
— Ýagmyr, bu asyl senmidiò, oglan?
— Bolup bilmeseg-ä özümizdiris.
Klasdaºynyò mahal-mahal özi bilen gepleºip-gepleºip
alýan, öòden belet guº diline Miwe ýene bada-bat
düºündi. Bu onuò: «Nesip çekip, seniò äriò bolup
bilmedigem bolsak, ýöne ºol saòa ýar bolasy gelenleriò
bizem biridiris» diýdigidi. Sebäbi onuò bu sözünde
çynyò gönezligi bardy... Zenan ýaòaklary al öwsen
mahaly ony öòküsindenem has görmegeý edip görkezdi.
Miwe buldurady.
— Klasdaº, gel mün ýanyma, öýüòe eltip geçeýin!
— diýip, Ýagmyr ºofýor sen-men ýok ºakyrdadyp,
maºynyò kabinasynyò gapysyny açdy.
— Gidibermelidiò-dä, oglan, ýetibem geldig-ä indi
— diýip, Miwe duran ýerinden biraz ýeòsä çekiljiräp,
hereketi bilenem özüniò maºyna münmäge juda bir
göwünjeò däldigini mälim etdi.
— Hä... baºlygyò aýaly ýa bular ýaly possun tozdy
maºyna münýänem däldir-le...
Nazary bilen özüni okap oturan Ýagmyr ºofýoryò
pursadyò çäginde ýaòsy gatyºykly aýdan gepi Miwäni
ºundan soò öòki raýyndan gaýtardy. Ýagmyryò ýene
oòa oýunlyga salyp: «Seniò äriòem-ä bir gelni bökjekledip, öz maºynyna mündürýämiº...» diýesi geldi, ýöne
ºobada hem bu gepiò dek häzirki pursatda artykmaçdygyna düºündi.
279
Ýagmyryò kinaýaly sözi täsir etdimi ýa-da ýedi
ýoluò üstünde zenan halyna bir erkek kiºi bilen beýdip
saljaýºyp durmagy gelºiksiz gördümi, nämemi, Miwe
ºundan soò düºümli, gyrmyzy matadan tikilen köýneginiò öò etegini bir eli bilen depjäp tutup, onuò aºak
etegini biraz ýokary göterensoò, gönügip maºyna münermen boldy.
Ilki Ýagmyra elindäki sumkasyny uzatdy. Soòra
«homp...» etdirip, gapdalynda maºyna münýänine begenip uçganaklap duran gyzjagazy ýokary göterdi. Haçanda
Miwe Ýagmyryò aòyrdan özüne tarap uzadan ýag ysly
berdaºly goluna ýapyºan mahaly onuò otlukly nazarynyò garagolluk bilen düºnüksiz jeljelleýändigini gördi.
Maºyn ýola düºünsoò, Ýagmyr Miwe tarapdaky
çagºap ugran gapynyò oòly ýapylmandygyny görüp,
ony täzeden, galtap urup göwnejaý ýapmakçy boldy.
Geriljiräp gapyny ýapmak üçin Miwäniò kükreginiò
öòünden goluny uzadanda, Ýagmyryò tirsegi ilki gelniò
çep göwsi, soòra onuò deò depe bolup duran sag göwsi
bilen duýdansyz kaklyºdy. Klasdaºlar ýalta bir-birleriniò ýüzlerine soragly serediºenlerini-de duýman galdylar.
Miwe gyz wagty hem syratlydan gelen görmegeýdi,
ýaraºykly geýinýärdi, barha güýjeýän gelin bolmak
höwesini, küýsegli bir goç ýigidiò haçanam bolsa bir
gün gelip, gelnaljylap özüni öýüne äkitjegini arzuwlap
gezen, söýgi höwesli maºgalady. Oba oglanlarynyò birnäçesi ºol günler onuò ugrunda birsalym ºatyrym-ºallak
280
bolºup alypdylar. ªolaryò birem Ýagmyr ºofýordy. Ol
günler Miwedir Ýagmyr bir brigadanyò iºlerine gatnaýardylar, häli-ºindi bir-birleri bilen görºüp, syrly-syrly
serediºip, oýundan-çyndan gepleºip-sözleºip durýardylar.
ªol günleriò birinde Ýagmyr bir ýola Miwe bilen
çolada ikiçäk gürleºmegiò ugruna çykypdy. Hiç kime
görünmän, ak öýlänlerden gelip, obanyò ses ýetimligindäki köne ýabyò içinde ýerleºipdi.
Miwe iºden soò giçlik hemiºe bu köne ýabyò boýuny syryp, öýlerine tarap gelýärdi. Ýagmyr soòra ºol
ýerde tä Miwäniò geler wagtyna çenli, ºeýdip suwa
injek keýikleriò ýoluny garamlap ýatan awça meòzäp,
oýurganyp, göwün ýüwürdip ýatyberipdi.
Miwe aòyrdan sülmüräp görnen wagty, Ýagmyr
özüniò tolgunýandygyny, ýüreginiò üstünde kimdir biri
düòküldäp, ylgap ýören ýaly bolup ugranyny, agzynyò
kepänini duýupdy. Gyz duºuna gelen wagty ol oturan
ýerinden ardynjyrap, oòa bu ýerde özüniò bardygyny
mälim edipdi. Aòyrdan dünýäden bihabar oýurganyp
gelýän gyz ºonda Ýagmyryò gamyº-gajrawa goºulyºyp,
köne ýaby boýlap oturanyny görüp, ilki diýseò, geò
galypdy. Soòundan bolsa:
— Heý, weý, oglan, sen ol ýerde näme iºläp ýörsüò?
— diýipdi..
— Saòa garaºýan.
— Maòa!?.
— Hawa, saòa. Hany, gel bärik, biri görmänkä,
ýylan keseklejek ýaly bolup durma-da ol ýerde! —
diýip, talaply gepläp, ony ýanyna çagyrypdy.
281
— Waý-eý, bu oglany.
Miwe näme etjegini bilmän birbada aljyrapdy. Uýalyp,
daº-töweregine howatyrly garanjaklapdy. ªonda oòa
Ýagmyr birden atylyp çykyp, özüni garsa göterip, galgadyp köne ýabyò içine alyp giderli göründi. Ýöne ºol
gezek ýabyò içine girip, Ýagmyryò gujagyna dolansoò,
Miwäniòem söýgi höwesi Ýagmyryòkydan pes oturmandy. Söýginiò barha törüne aralaºýanyndan habar
berýän gyzgyndan-gyzgyn, bir-biregiò üstüne dyzanyºyp
alnan posalar diýseò datlydy, baldy. Birsalymdan olar
ºol ýerde öz höweslerine berliºip, dünýäni unudyºyp,
biri-birine guwanyºyp, bagtly bolup oturypdylar... ªeýle
gowulykdan soò Ýagmyr Miwäniò özüniòki boljakdygyna ynanypdy. Ýöne baºgaça-da bolup biljek ekeni.
Miwe «hä» diýmän, ýokary okuw jaýynda okap ýören,
özünden dört-bäº ýaº uly baºga bir obadaºyna durmuºa
çykypdy. Özüne «Pylankesiò keýwanysy» diýdirip,
buýsançly ýaºamak ähli gyzlara mahsus bolºy ýaly,
Miwäniò-de elýetmez arzuwydy. Ine, indem onuò ºol
arzuwy hasyl bolupdy, adamsy okuwyny gutaryp gelip,
birki ýyl kolhozyò kiçiräk «tur-otur, kersen getir»
iºlerinde iºlänsoò, ony kolhozyò gara mallar fermasynyò
müdirligine belläpdiler. Indi üç-dört ýyldan bäri bolsa
onuò adamsy täzeden-täze ýeòil maºynlary münüp,
kolhoz baºlygy bolup, wezipe begligini sürüp ýördi.
ªaròyldap duran kaºaò jaýlarda ýaºaýan, eli uzadan ýerine ýetýän Miwäniò öz durmuºyndan göwni
hoºdy. Hem tä ömri ötýänçä özüniò baºlyk adam282
synyò saýasynda baýlykdyr beglik bilen, bal bilen
ýag ýaly gatyºyp ýaºajagyna ynanýardy.
Ýagmyr Miwe durmuºa çykanyndan bir ýyl soò,
obalaryna bir ýerden iºlemäge gelen özünden bir ýaº
uly görmegeý mugallym gyza öýlenipdi. Durmuºy hiç
neneò däldi, aýal-erkek ikisi iki ýerden hars urºup,
iºleºip ýören, guwanyp ogul-gyz ösdürip oturan
maºgalalaryò biridi. Ýagmyryò ºol günler Miwäni söýeni käte bir ony toý-tomguda görende ýadyna düºäýmese,
ºeýle bir ýadyna düºübem durmazdy. Dogrusy, ol öz
aýalyny alyp, durmuºda utulandyrynam öýdenokdy.
Ýöne soòky döwür gulagyna ilen bir ýakymsyz gürrüò
weli oòa ýene-de ºol könäni täzeden ýatladypdy. Ol
ilki öz aýalynyò kolhoz baºlygy bilen arasynyò barlygy hakyndaky «myº» gürrüòe ynanmandy. Onuò
aýaly ýaòy-ýakynda öz mugallymçylyk kärini taºlap,
kolhozyò baºlygynyò medeniýet boýunça orunbasary
bolup iºe geçipdi. Bu baºlyklyga golaý käre geçmäge
göwün ýüwürden obada baºga-da bäº-üç aýal bardy,
ýöne oòa dogumly, bilimli maºgala hökmünde Ýagmyryò ýoldaºy mynasyp görlüp alnypdy. ªonuò üçinem
Ýagmyr ilki bu gepi ºol wezipeden galan bäsdeº
aýallaryò goýberenligini pikir edipdi. Barybir, soòra
bu gürrüò Ýagmyry diýseò oýlandyrypdy. Ol «...Baºlygyò
heleýi ºol köne ýabyò içinde basa düºüliºip, ýakalaºylyp
ýatylanyny bir söý bilen, äriniò ýanynda heleýligini
edip ýatlandyr, baºlygam indi ºonuò üçin bir söý
bilen menden ar alýan borly...» diýip oýlandy. Soòundan bolsa ýene öz pikirine özi garºy boldy: «Aýal283
gyzlar soòra özlerine kölege saljak zady ölse ýatlarmy,
onda-da Miwe» diýipdi, ýene bir-de: «Gahar ugruna bir
zat diýip, maºgalanyò günäsiz ýerine günä ýükläp, göwnüne
degäýmäýin, ogurlyk bilen lolulygyò çägi üç gündür, tiz
aòyp bolar» diýip, gazabynyò jylawyny çekip-çekip oýlanypdy.
Maºyn ýöräp ugrandan soò ýüzi düºnüksiz aladaly Ýagmyr ýene-de köp manyly ýylgyryp, klasdaºyna
tarap öwrüldi.
— Baºlyk neneò?
— Hiç neneò däl.
— Mençeräk barmy?
— Sen ýene öòki köne heòiòe tutdurdyò-ow...
— Ýatlap otursaò, ol köne heò hiç neneòem däldir
görseò, ýöne...
— Bälçireme, oglan, geçeniò geçdigi bor, yza ýol
ýok diýlenidir!
— Baram ýaly-la...
— Näme?
— Ýol...— Bu gezek Ýagmyr nämedir bir zat aýtjak
bolýana meòzäp, Miwäniò ýüzüne has içgin seretdi.
Soòundanam ýuwdunyp, ýüzüni gyzardyp, ýene-de bir
zatlar aýtmakçy boldy, ýöne süòk ýaly kese gelen gep
onuò bokurdagyndan çykmady.
Obada salyhatly ýigitleriò birisi hasap edilýän Ýagmyryò bu bolºy birbada Miwäni oýlandyrdy. Obadaky
«Baºlyk bilen Ýagmyr ºofýoryò gelni...» diýen täzelikde
ýaýrap ugran gürrüò heniz onuò gulagyna ýetmändi.
ªonuò üçinem ol Ýagmyryò bolºundan «Baºlyk neneò?»
diýen gep saluwyndan çen tutup, ol baºlyk bilen haýsydyr bir iº üstünde dikleºip, «har-harlaºyp» alandyr
284
öýtdi. «Yza ýol ýokdur...» diýende, barybir, onuò sözi
ynamsyz eºidildi. Hem ºundan soò onuò maºynynyò
içinde oturasy gelmäni belli boldy:
— Baºga gürrüò tapman, tapmaça gepläp oturjak
bolsaò, onda meni düºür! — diýip, ol gozganjyrap
talaply gepledi.
— Kör hasasyny bir gezek aldyr, indi aòsat öòkiò
ýaly düºesiò gelen ýerinde düºäýmersiò — diýip,
Ýagmyr oòa ýene-de könäni ýatlatdy. Klasdaºlar ýatda-nam çykyºyberen köne ýap ýatlanan mahaly ýenede bir-biriniò ýüzüne biraz gyzaryºyp, mähirli
serediºdiler.
Ýagmyr ºofýor maºynyny gelip, baºlygyò kaºaò
öýüniò gapdalynda saklady. Maºyndan ilki Miwe howlukman düºdi, Ýagmyr soò oòa aralykdaky maºyna münenine begenip, dünýäden bihabar oturan gyzjagazyò
goltugyndan göterip alyp berdi. Klasdaºlar baº atyºyp,
mylakatly ýylgyryºyp hoºlaºdylar. Ýöne maºyn uzak
gitmän, bir zat ýatdan çykana meòzäp, ýene-de saklandy. Hä, diýmänem kabinadan Ýagmyryò kellesi göründi.
— Klasdaº, daº gerek dälmi? — diýip, maºynyò
üstündäki tümmek tutup duran çagla tarap baº atyp
sorady.
— Ýok...
— Ýok diýýäò weli, baºlyga gerek ýaly-la...
Miwe klasdaºynyò gep saluwyndan onuò sözünde
ýaòsy bardygyny aòmady, gaýta onuò esli ýere gidensoò yzyna maºynyny sürüp geleninden çen tutup: «Özi
285
bir ýerde getir diýendir, munuòam ºol aýdylan ýumuº
häzir ýadyna düºendir» diýip, adamsyny ýatlady. Daº
düºürere ýer görkezdi. Onýança-da okarasy kem-kemden
ýokary göterilip barýan maºyndan gaýtdy bir maºyn
daº aºak ºagyrdap.
***
...Ýagmyr aòyrdan maºynyny ºakyrdadyp howlukmaç geleninde, Miwe eli sübseli iç girip-daº çykyp, öý
içerisine tertip berip ýördi. Onuò egninde ýatyº köýnegine meòzedilip giòiº edilip ýerlikli matadan tikilen
köýnegi bardy. Ol aòyrdan aldyrany bar ýaly bolup
gelen Ýagmyry tanap, onuò habaryny almak üçin
sübsäni gapdala atyp, baºyndaky ýaglygyny düzediºdirdi.
Köýnegine düºen ownujak gasynlary aýyrmakçy bolýan ýaly, iki aýasy bilen göwüsleriniò etegini, guýma
guºaklygynyò töwereklerini sypalaºdyrdy.
Ýagmyr aòyrdan aladaly, haýsydyr bir ýakymsyz
zadyò bolanyny çytyk ýüzünde mälim edip geldi.
— Klasdaº, ýör hany mün maºyna!
— Hä, näme bar, bolup gelºiò nähili?
— Ýör tiz, ýedinji brigadaò ýanynda baºlygyò
maºyny agdarylypdyr.
Miwe:
— Hih, waý, gara bagtym. Jany bir barmy? —
diýip elendi, özi bolsa maºynyò aºagynda gana bulaºyp
ýatan adamsynyò ºekilini göz öòüne getirdi. Hopugyp
duran ýerinden yzyndan gelen maºyna münmäge
howlukdy. Geplemese-de häzir Ýagmyryò gara ört
286
bolan aladaly ýüzi hem hut ol ýerde bir erbetligiò
bolanyndan habar berýärdi. Olar ýol boýy dymºyp
gaýtdylar. Hemiºe duºanda Miwe bilen saljaýºyp
degiºmäni gowy görýän ýigit häzir doòòara daº bolup,
dymyp otyrdy, onuò ýüzi gaplaòdyr ºire büdräniòki
ýaly üýtgäpdi.
Ýagmyr ýedinji brigadanyò gara baglyga bürenip
oturan myhman jaýyna ýetmän, maºynyny ondan ses
ýetimlikde saklady. Soòundanam Miwäniò goºaryndan
ºarpa tutup, ony baglaryò arasy bilen howlukman,
brigadanyò myhman jaýyna tarap alyp ugrady. Miwe
öz ýanyndan, baºlygyò maºyny ºu golaýda agdarylan
bolsa, agyr hala düºen adamsyny ºol ýere getirenlerini
pikir etdi.
— Hany ol nirede? — diýip, pajyga görmekden
elheder edip sojady.
— ªol ýerde.
— Eý, Taòrym-eý...
Olar myhman jaýyò arka tarapyndan gelenlerinde
töwerek çolady. Adam-gara görnenokdy. Adam bolsa-da,
ol jaýyò öò tarapynda bolmalydy.
Olaryò alkymlap baran jaýlarynyò penjiresiniò bir
gapdaly sähelçe açyp goýlupdyr. Häzir ol ýerden wagtal-wagtal saljaýºyp näzirgäp gepleýän aýal sesi, wagtal-wagtal hem tanyº erkek sesi eºidilýärdi. Miwe burnuna salyp gepleýän adam sesini eºiden badyna onuò
öz adamsynyò sesidigini dessine aòypdy. Diòe häzir ol
Ýagmyryò bu ýere özüni «Masgaraçylygy gözüò bilen
gör, gulagyò bilenem eºit» diýip getirenligine düºündi.
287
Göwni galan Miwe näme etjegini aýgyt edip bilmän
dodagyny diºläp, gözlerini ýuman wagty, ondan bir
gysym gözýaº paýrap, köýneginiò etegine döküldi.
Ýanýoldaºynyò özüçe bar ýa ýok zenan bilen öz mertebesini depelemegi ony diýseò kemsitdi. Ol elenip, aglap
oturyºyna özüniò tutup duran Ýagmyryò berdaºly ellerini kükregine tarap çekip, barha pugta gysyp ugranyny
hem duýman galdy.
***
Maºyn yzyna öwrülip, oba gaýdyp gelýän mahaly
klasdaºlar onuò içinde dymºyp, bir-birleriniò ýüzlerine
serediºip bilmän otyrdylar. Asla aýdara gepem galmandy, hemme zat ilik-düwme düºnükli bolupdy.
Hemiºeki buýsançly gelin häzir kiçelen ýaly bolupdy,
ol kabinanyò irginsiz ºakyrdaýan gapysyna ýaplanyp,
barmagynyò birini diºläp, ýörite söýelen ýaly bolup
oýurganyp otyrdy. Ol Ýagmyryò onda-munda duºanda
aýdýan öòki aýlawly geplerine, onuò häsiýetiniò üýtgemegine diòe häzir düºünip galypdy. Ýogsam, bir sebäp
bolmasa: «Baºlyk meniòçe barmy?» diýip, gep arasyndan könäni ýatlap, ony ýaòsy bilen özüne deòemek
Ýagmyr ýaly salyhatly ýigidiò etjek iºimidi? «Baºlyga
daº gerek ýaly-la?...» diýmegi hem onuò «Seniò äriò
biziò öýi daºlap ugran ýaly-la» diýdigi ekeni.
Maºyn ºalkyldap, akar ýabyò köprüsini depjäp öten
mahaly sakanaklan ýaly etdi-de, uly ýoldan sowlup
ilerligine öwrülip, gumak ýola düºdi. Bu ºol birwagt
288
Ýagmyr bilen Miwäniò çolada bagtly bolan köne ýabyna bar-ýan topur ýoldy.
Miwe maºynyò sen-men ýok ýoldan sowlanyny
görüp, ilki tisgindi, soòundanam «Il görse näme diýer?»
diýen hörpde keýerjekläp, biraz gorkuly bir Ýagmyryò
ýüzüne seretdi, birem töweregine, onuò bolºy «Dola
maºyny yza!» diýjege meòzedi. Ýöne özüniò il içinde
mertebesi depelenen zenandygyny ýada salan mahaly
onuò ýene mahal-mahal Ýagmyra gapdaldan seredýän
hyrydar gözleri mähirli balkyldady. Biraz rahatlandy.
Ýagmyra tarap süýºüp, onuò berdaºly egnine baºyny
ýaplady. Pyºyrdady.
— Meni niräk alyp barýaò?
— ªol ýere...
Tanyº köne ýabyò içi ilki bir barlan mahaly biraz
kapasdan gelen dymyk ýalyrak hem görnen bolsa-da,
iki sany öòden bir-birlerine höwesli adamlaryò, birden
möwç alan höwesleri bir-birleri bilen hyjuwly goºulyºansoò,
dünýä unudyldy. Gaýta birsalymdan niredendir bir
ýerlerden, süòòi töwerekdäki hajraw bolup ösen hyºadyr
doòuzda-rak, buýan ýaly ençeme ot-çöpleriò ysyny
siòdiren sergin ºemal öwsüp ugrady.
Miwe bir baºyny göterip, nazary bilen töweregiò
habaryny alan mahaly, uzakly gün asmanda gaýradan
gap ilerligine el-hal diýip, haýsydyr bir zada ýetmegiò
küýüne düºüp ýöriº eden Gün öz batar ýerine ýakynlap, aýaklaryny depäniò üstünden sallan ýaly edip,
dünýäò üstünden sallan ekeni. ªapak bolsa kimdir
birinden uýalana meòzäp, ýene-de elwan öwsüp gyz289
arypdyr. ªol barmana birden niredendir bir ýerden,
ozal eºiden tanyº aýdymynyò setirleri Miwäniò gulagyna eºidilip giden ýaly boldy...
Ýanypdyr telwas ºapagy,
Gapylar dünýäò gapagy,
Onsoò agyn tümlük bolar,
Gör, onsoò kim, kimlik bolar?...
290
Prometeý
Çet ýurtlynyò dilinden
Ilki bolup 1921-nji ýylda Moskwa, okeanyò aòyrsynda
söwda aragatnaºygyny ýola goýmak niýeti bilen gelen
Amerikaly üç maýadaryò birisi mendim.
ªol günler meniò bary-ýogy ýigrimi üç ýaºym bardy.
Birki ýyllykda ençeme zawod-fabrigiò eýesi kakamyò
tarpa-taýyn ölümi, meniò wagtyndan ir onuò ornuny
eýelemegime sebäp bolupdy.
Wagt tiz geçýär.
Ýatlap otursam, indi ondan bäri elli ýyllyk ömür
ötüpdir. Men ýene-de Moskwada. Öz isleýºim ýaly
“Metropol” myhmanhanasynda ýerleºdim. Öò haýsy
nomerde ýaºanlygym wagtyò täsiri bilen hakydamda
galman ekeni. Ýogsam, mende hut ºol, elli ýyl mundan
ozal ýaºan otagymda ýerleºmek pikiri hem ýok däldi.
Aeroportda biziò sagat ýarym gijä galyp gelen
samolýotymyzy garºy alan ýigit ýolda gelýärkäk, meniò
niýetimden bihabar eger ýerleºerin diýseòiz diýen äheòde,
ºäherde “Rossiýa”, “Moskwa”, “Ukraina” ýaly has kaºaò,
täze tipde gurlan hertaraplaýyn amatly myhmanhanalaryò bardygyny hem aýtdy.
291
Ynanýan, ýigit mamladyr, ol myhmanhanalarda
ýaºamagyò gowudygy hem dogrudyr, oòa meniò sözüm
ýok.
Duºdan öten ýyllaryò ençeme zatlary etegine salyp
äkidip, bir ýerlerde paýlandygy belli zat, indi ikinji
saparyò ºol gezekdäki ýaly dokuzy dolulygy bilen
bolmagyny islemegiò özi-de, dyzyny ýere uran garry
bolup “maòa, çuw atym, ýaºlygymy beriò” diýen ýaly
gülkünç bir zat. Ýöne men mümkin bolan zatlaryò
welin hut ºol gezekdäki ýaly bolanyny kem göremokdym.
Maòa, segseniò onuna giren goja gop berip, ony ýola
çykaran zat, elli ýyl bäri ýürekde ýaºap ýören ýatlamalardy.
Moskwa gelip, ºol gezek iki günläp daºary ýüzüni
görmän myhmanhanada dem-dynç alyp ýatanymyz
meniò ýadymda.
Üçünji gün agºamlar bizi Kremlde Lenin kabul
etdi. Otagda Leniniò bir özüdi. Çolalykdan peýdalanyp,
bir pikire gümra bolup otyrdy. Ol biziò gelip, gapydan
girenimizi görüp, “Boldy, boldy, boldy...” diýip, kimdir
birine maslahat berýän äheòde ºol bir sözi üç gezek
gaýtalansoò, öz güýmenip oturan kagyzlaryny
ýygnaºdyryp, bizi garºylamak bilen boldy.
Ilkinji duºuºyk, näme üçindir, meniò “ºeýleräk bolar” diýip öòünden çak edýän iº duºuºygym bolmady.
Üç sagatdan gowrak ýüzbe-ýüz bolup edilen gürrüò
adaty sorag-jogabyò çygryndan çykmady. Has takygy,
Lenin sorady, biz bolsa üç bolup, üç ýerden onuò
292
sraglaryna jogap berdik. Lenin biziò zawodlarymyzda
iºleýän iºçileriò alýan hak-heºdegi bilen, olaryò ýaºaýyº
ºertleri bilen gyzyklandy. Aýratynlykda her birimiziò
maºgala durmuºymyz hakynda soraºdyrdy. Maòa ilkinji çaganyò kakasy hökmünde, dul galan göwni ýarym
enäniò ogly hökmünde, Leniniò ýaòy dil biten oglum
hakyndaky soraglaryna, ejemiò saglyk ýagdaýy bilen
gyzyklanyp beren soraglaryna jogap bermek has-da
ýakymly boldy.
Ikinji duºuºyk meniò öòden göz öòüne tutan
duºuºygym boldy. Arkaýynçylykda, ine-gana gürleºmek
göz öòüne tutulan borly. Bu gezek Lenin meni aýratynlykda kabul etdi. Gürrüòçilik mahalynda ol meniò
zawodlarymyò traktorlar üçin öndürýän demir enjamlary bilen gyzyklandy. Bu zawodlar barada men oòa
öòki sapar, giriºe meòzeº bolan ilkinji duºuºykda käbirzatlary aýdyºdyrmaga ýetiºipdim. Traktorlaryò Sowet
ýurdy üçin häzir diýseò gerekdigi, Leniniò bu söwdadan ýüz öwürmejekdigine men öz ýanymdan ynanýardym.
Daýhanyò maòlaýyndan diremak üçin, hiý bolmanda, müò sany traktor, bu Leniniò arzuwydy.
Öz gezegimde men Russiýanyò sütükli deri önümlerine hyrydar boldum. Özüm bilen elli ýyllyk ºertnama baglanyºylmagymy teklip etdim. Meniò teklibim
gürrüòdeºimi oýlandyrdy. Ol stoluò arkasyndan çykdyda, üç ýoluò bendegesinde durup, haýsy haýsy keçä
düºjegini pikirinde öwürýän ýolagça meòzäp, peç bilen
293
gapy aralygyndaky inedördül boºlukda gezmeläp oýlandy. Pikirinde maòa berjek jogabyny garºylap, gysymlap
gördi.
— Bilýäòizmi, näme, jenap Armand — Lenin maòa
öwrüldi-de, jiltgesinden çykaran goluny salgap, gürrüòiò galan ýerine dolanyp geldi. — Biz aragatnaºygy
hökman gazanarys. Biz size gerek, sizem bize. Ýöne,
geliò, bilelikde biraz oýlanalyò, öten-geçeni ýada salalyò, ertäniò töründe oturyp göreliò. Wagt geler özi-de
ol wagta indi halk uzak garaºmaly bolmaz, ana, ºonda
siziò gören bir garny aç, bir garny dok hor-homsy
ýaºaýan adamlaryòyz diòe bir zeruryò däl, ýaºaýyº
üçin gerek bolan hemme zatlaryò bolçulygyny dörederler. Bu biziò pikir ediºimiz ýaly, hut ºeýle-de bolar.
Ana, onsoò, jenap Armand, halk menden öz göwün
islegini talap eder. “Daºary ýurtly jenaplaryò geýýän
sütükli deriden ýaraºykly edilip tikilen geýimlerini biziòem geýesimiz gelýär” diýer. Men näme diýmeli?
Sowetler döwletiniò eýesi kim? Halk Sowetler ýurdunda bolsa halkyò öz seçen ýolbaºçy organlaryndan öz
göwün-isleglerini soramaga: hatda talap etmäge-de haky
bardyr.
Lenin käte, gürrüòe tutuºlygy bilen berlen mahaly
alnynda oturan gürrüòdeºiniò daºary ýurtly jenapdygyny hem unudyp, oòa bolºewiklerçe “ýoldaº” diýip
ýüzlenýärdi. Munuò ºeýle bolýandygyny bir ýola
Wladimir Iliçiò özü-de duýdy. Ol ºonda ilki “Gör, bu
bolýan zatlary diýýän manyda”oýurganyp durdy, soòun294
danam gülümsiriäp, öz sözüne ýarym degiºme äheòinde
düºündiriº berdi.
— Jenap Armand, biz bolºewikler ynanýarys, ýer
ýüzi irde-giçde hut bize meòzäp, birek-birege sarpa
goýup “ýoldaº” diýip ýüzlenmeli bolar.
Moskwada, ºol gezekdäki saparym wagtynda maòa
W. I. Lenin bilen ýene-de birnäçe gezek duºuºmak,
oturyºyp-pikir alyºmak miýesser etdi. Dolanyp yzyma
gelen mahalym men Kremlde bolan duºuºyklardan
razydym, öz ömrümde Lenin bilen ýene-de birnäçe
gezek duºuºaryn, gürrüòdeº bolaryn diýen pikirdedim...
Ol gün özüniò garaºylmadyk habary bilen meniò ýadymda galan az sanly günleriò biri boldy. Men öz kabinetimde wagtal-wagtal ýekelikde oturyp, gözden geçirýän
iº kagyzlaryma güýmenip otyrdym. Telefon sesine baºymy
göteren mahalym, açyk gapydan goòºy jaýdaky trubkany göteren aýalymyò meniò oturan otagyma seredip
gepläp bilmän äm-säm bolup duranyny gördüm. Bir
bolmasy iºiò bolany belli boldy. Trubkany aòyrdan
göteren adam meniò zawodlarymyò biriniò iº dolandyryjysydy. Ol Leniniò ölümini eºidip, zawod iºçileriniò
iºi togtadyp, bir minut dymmak bilen onuò ýasyny
tutandygyny habar berýärdi. Öz hojaýynyna, bu hereketi
üçin iºçilere nähili çäre görmelidigini sorap maslahat
salýardy.
— Dymmak gerek!
— ?
— Hawa, dymmak gerek.
295
Özüni birneme ele alan aýalym maòa derek kesgitli
jogap gaýtardy.
Men welin wagty bilen “W. I. Lenin biziò aramyzda ýok” diýen habar bilen aòymy öwreniºdirip bilmedim. Biziò öýümizde Lenini bilmeýän adam ýokdy.
Aýalyma, ogluma özümiò Lenin bilen bolan
duºuºyklarymy telim gezek gürrüò edip beripdim. Ýadymda, bir gezek Lenin baradaky gürrüòçilik mahaly men
ony ynsana ot gazanyp beren Prometeýe deòäpdim.
ªondan bäri hem biziò öýümizde W. I. Leniniò ýörgünli
atlarynyò biri Prometeýdi.
Meniò bir otagymda Leniniò ºol Kreml
duºuºyklaryndan soò ýollan dört sany haty bardy. Ol
hatlaryò iò soòkusyny men bary-ýogy bäº, alty aýlykda alypdym. Wladimir Iliç özüniò bu hatynda, meniò
zawodlarymyò ºaýlaryny süòòüne dakynan traktorlaryò Kubanda, Altaýda, Orta Aziýada Oktýabr rewolýusiýasynyò ýeòiºlerini nygtap ýörendigini guwanç
bilen ýazýardy...
Gije goýalyp, töweregiò çyralary öz ähmiýetini artdyrypdy. Üstünden maºynlar geçip, taýgançak bolan
garly ýol lowurdaýardy. Maºynlar agyr bir syrkawy
alyp barýan ýaly usul bilen öz maýdallaryny ýöredýärdiler. Garºyda, pyýada ýoluò böwür berip giòelýän ýerinde bir pyýada lom bilen ötegçileriò ýöremegine päsgel berýän buzlary hütüledip, harsaò-harsaò ediºdirip
döwüºdirýärdi. Onuò gapdalynda gulaklary çaksyz salpy
buýra-buýra tüýli bir it gara bulaºyp aýlanyp ýördi.
296
Myhmanhanadan daºaryk çykan mahalym meniò
ümsüme düºen ilki zatlar ºular boldy. Men ýolagçylaryò arasyna goºulyp, Kremli nazarlap, öz maýdalyma
ýöräp gitdim. Kreml bu ýerden, uzak bolsa meniò
ýöriºime hem on-on bäº minutlyk ýoldur. Meni myhmanhanadan alyp çykan zat Leniniò mowzaleýiniò
öòünde bir salym gezmelärin, öten-geçeni ýatlap, Kremliò gyzyl diwarlaryny hiç kimsäniò kömeginden peýdalanman, ine-gana synlaryn. Gören zatlarymy öz terezime salyp, özümçe okaryn diýen pikir boldy. Garºydan
gelýän eginleri asma sumkaly iki boýdaº gyz özüme
seredip, soòundanam bir zatlary pyºyrdaºyp, syrly
ýylgyryºan mahaly men öz elimde çemen bardygyny
gördüm. Bu çemeni men Prometeý üçin öýümden alyp
gaýdypdym. Ýatlamalar meni düýne, 1921-nji ýyla alyp
geldi. Men ýene-de özümi Kremlde, W. I. Leniniò
kabinetinde gördüm.
Birdenem, hemme zat göz açyp-ýumasy salymyò
içinde boldy. Men Prometeýiò mawzoleýiniò bosagasynda
peýda boldum. Ýeòseden bir ýerden maòa ünsi düºen,
häzir mawzoleýi daºyndan synlap duran adamlaryò
hümürdisi eºidildi. Olar, belki, meni ýazgarýandyrlar...
Iki esgere baº bolup, çep derwezeden çykyp nyzam
bilen mawzoleýe tarap gelýän ofiser hemmelerden öòürdip,
meniò habarymy aldy.
— Ýoldaº, siz niräk?
— Leniniò ýanyna.
— Leniniò ýanyna?
297
— Hawa. Men Lenin bilen görme-görºe geldim.
— Häzir Wladimir Iliç Lenin dynç alýar. — Ofiser
ýigit meniò daºary ýurtly myhmandygyma göz ýetiren
borly, soò ol öý eýesi hökmünde hoºamaýlyk etdi. —
Jenap, Wladimir Iliçi görjek bolsaòyz siz ertir gelmeli
bolarsyòyz. Nobatda uzak garaºdyrmarys, myhman
hökmünde sizi ilkinjileriò hatarynda Wladimir Iliçiò
ýanyna goýbereris. Häzir ýoldaº Leniniò ýanyna barmaga rugsat edilmeýär.
— Meniò rugsadym bar. Ine, serediò ýagºy ýigit!
— ?
Men ºeý diýdim-de bir özüm, bir elimdäki myhyh
güllerime seredip duran ofisere ýyllaryò geçmegi bilen
biraz saralyºan bölejik kagyzy goltuk jübümden çykaryp uzatdym.
— Jenap, Armand Hameri haçan-näwagt islese, ony
meniò ýanyma goýbermeli...
Aºagyna keseligine gol çekilen bu bölejik kagyzy
maòa 1921-nji ýylda Wladimir Iliç Leniniò öz eli bilen
ýazyp beren ygtyýarnamasydy.
298
Hekaýatlar
Baýdak
Iò oòat oba
Kapitan
ªahyr
Güýçli
Gija galyp gelen oglan
Ilkinjibäºlik
299
BAÝDAK
l depe Ýusuplaryò öýlerinden ºeýle bir uzak
da hem däldi. Bary-ýogy bäº-on minutlyk
ýoldy. Baýyrlardan üzòelikde ýeke özi sömelip durany üçin bolsa gerek, oba adamlary ony “Ýeke
depe” diýip atlandyrardylar. Bu depe, dogrudanam,
ýeriò endamyndan dömen ýara meòzeº bir zatdy.
Depäniò üstüne çykyp, goòºy oba, ekerançylyk
meýdanlaryna, gamyºlygyò arasyndan akyp gelýän
Murgaba seredip oturmak diýseò hezildi. Depäniò eýle
tarapyndaky obanyò oglanlary gelip, käte ºu depäniò
üstünde futbol ýaryºyny gurardylar. Ýöne näsaglap,
ýanyny düºege bereli bäri Ýusup köp oýunlary görüp
bilmändi. Birnäçe wagtlap onuò ýerinden galmaga hem
ýagdaýy bolmady. Diòe güýzüò ahyrlaryna, doktorlaryò däri-dermany ýene ony aýak üstüne göterdi.
Yraw-daraw ýöräp, daºaryk çykyp ugrady. Ol soòabaka her gün diýen ýaly, tä ejesi-kakasy: “Köºek, düºegiòe
geç, az-kem dynç al, ýene birden süòòüòi gyzdyraýma”
diýýänçä, arkasyny diwara berip, güneºläp oturyºyna
ºol ýeke depä hyrydar serederdi. Depede oýnalan oýunlar ýadyna düºerdi.
O
300
Ýöne bu gün ol depä seredensoò, öz haly bilen
bolmady. Ýüregi urgusyny güýçlendirdi. Onuò wagty
bilen depede parlap görnen baýdakdan gözüni aýyrasy
gelmedi. Kä goòºy obanyò, käte öz obalarynyò oglanlary ýaryºma hyýal bolan mahallary Ýeke depä çykyp,
baýdak dikerdiler. Bu garºydaºlaryò: “Güýjüò bolsa —
taý çykar, ine, biz ýaryºa geldik!” diýdigidi.
Ýusup töwereginde begenjini paýlaºara adam görmänsoò, irkilip ýatan güjüginiò ýalanan burnuna pitikläp,
onuò gözüni açdyrdy. Barmagyny uzadyp, oòa, Ýeke
depäniò üstündäki baýdagy görkezdi. Bu güýz düºeli
bäri baýdagyò ilkinji gezek görnüp durºudy.
Ýusuby bu baýdak öz gününe goýmady. Hut düýnüò
özünde-de ol: “Entekler ol depä çykyp bilmesem gerek”
diýip, oý eden hem bolsa, ºundan soò onuò bu ýerde
durasy gelmedi. Ol bar zady, hatda özüniò ºindi tapsyz
syrkawlygyny unutdy. Töwerekde ejesi görünmäsoò, ol
baýdagy nazarlap, gyrmyl-gyrmyl ýola düºdi.
Ýusup çir-çitir bolup baýra dymyºyp barýarka durup, telim bir ýerde, depäniò üstünden tanyº sesleri
eºitmek üçin gulagyny ýere goýup diòºirgendi.
Imi-salalyk. Ne daban düòküldileri bar, ne-de göçgünli
tanyº sesler. Ýusup bile top depip oýnan deò-duºlaryny
göz öòüne getirip, ýene-de baýdaga tarap dyrmyºdy. Ol
hasylap, demi-demine ýetmän daljygyp, depä çykan
mahaly, aòk bolup, esli wagtlap, sömelip bir nokada
seredip durdy. Depede ne oglanlar bardy, ne-de baýdak. Onuò hol, beýleräginde egni keteni köýneklije gyzjagaz bäº-on sany çekenäni öòüne salyp bakyp ýördi.
301
IÒ OÒAT OBA
“Dünýäde iò oòat oba niredäkän?” diýen sorag
kellesine gelse-de, Ylýas wagty bilen öz soragyna jogap
tapyp bilmedi. Bu barada hiç kimden sorabam görmedi. Käte bolsa bu pikir kellesine gelºi ýaly hem onuò
ýanyndan çykdy. Ýogsam häli-ºindi öz soraglaryna jogap
berýän enesiniò bu soraga hem jogap tapyp biljegine ol
ynanýardy.
Bir ýola Ylýas ejesi bilen daýylaryna gezelenje
gitdi. Nätanyº aýallar ejesi bilen gelip görºensoòlar
gülümsireºip, oòa seredýärdiler. Onuò ejesine sorag
berýärdiler:
“Bu ulujaòmy, gyz... heý, tüweleme, ýaº ýigit ogluò
bar ekeni. Biziò oba gelinlik gözläb-ä gelen dälsiò-dä?”
diýºip, soòunam degiºmä urardylar. Ylýasa bu gürrüòler ýaraman durmazdy. Onuò, dogrudanam, köpden
bäri özüne ullakan oglan diýdiresi gelýärdi. ªonuò
üçinem ýat aýallary görende, onuò özüni uly görkezjek
bolup daraklygyna galan gezeklaeri hem az bolmady.
Ol daýylarynyò obasyna gelip, birinji gezek iò oòat
oba hakynda oýlanansoò soragyò jogabyny dessine
tapdy. Onuò obada galan ýoldaºlary Bäºim, Çary daga
hem oòat oba, daýylarynyò obasy hakynda gürrüò
beresi geldi.
Bu oba ºähere golaýdy. Daýysy her gün Ylýas bilen
öz ogly Täºlini maºynyna mündürýärdi-de, ýähere äkidýärdi. Her ädimde diýen moro enoýe, gazly, süýjüli suw
satylýany üçin bu ýerde Ylýasyò keýpi kökdi. Oòa has
302
hem tratuarlarda apaºaklaºyp duran sary sygry çeleklerden kwas içmek ýarady. Ýöne günler geçdigiçe bu
zatlar ony irizip ugrady. Häli-ºindi öýleri, iºiklerinde
ýüò darap oturan enesi, atasynyò tördäki gerlen halynyò
üstünde asylgy duran gylyjyny ýatlady... Gün-günden
onuò ýadyna düºen zatlar has-da köp boldy. Köçelerinden sygyrlaryny sürä alyp gyzjagazlar, goòºularynyò
güne ýalpyldap duran almalary, jaýlar, eºekler, häliºindi hatarlanyºyp, göz öòünden geçdiler. Ol tukatlanmany çykardy.
...Maºynyò içinde, mamalaryndan gaýdyp gelýärkä
onuò ºähdi açykdy, oturan ýerinden öòe, obalarynyò
görünjek tarapyna boýnuny uzadyp seredýärdi. Iò oòat
oba hakyndaky pikiri bolsa onuò bireýýäm, ºindi daýylarynyòkydakan üýtgäpdi. Ol öz obalarynyò dünýäde
iò oòat obadygyna indi ýürek bilen ynanýardy. Munuò
nämüçin ºeýledigini bilmese-de, oòa bu hakykaty bilmek
diýseò ýarady.
KAPITAN
Hemmeleri alada goýan bu mesele 4-nji “B” klasyò
futbol komandasynyò kapitany Çary öýleri bilen baºga
bir oba göçüp gidensoò ýüze çykdy.
Klasyò öòünde: “Indi kim komanda kapitanlyk
eder, kim klasyò öòki abraýyny gorap biler?” diýen
sorag peýda boldy. Bu diòe bir klas mugallymyny däl,
ähli klasy aladalandyrdy. Her kim “Kim kapitan bolup
bilerkän?” diýen soragy öz-özüne berip gördi. Mugal303
lym hem birbada okuwçylarynyò birini görkezip, belli
netijä gelip bilmedi. Sebäbi, komandada oòat oýunçylar
köpdi. ªonuò üçinem mugallym ähli klasa ertire çenli
pikirlenip gelmegi maslahat berdi.
Mugallymyò belleýºi ýaly, ºol günüò ertesi üçünji
sagatdan soò ýene-de bu meseläò maslahaty baºlandy.
Ilki bilen söz alan gytyjak saçly, garajürjrn Aºyr boldy.
— Aknyýaz oòat oýnaýar, ºol bolaýsyn.
— Ondanam bir kapitan bolarmy, agzyny öweldip
ýör... — diýip, bir zada güýmenip oturan Ýusup oturan
ýerinden oòa garºy çykdy.
— Nepesi kapitan saýlalyò, o-da oòat oýnaýar.
— ªeýdeliò, ýoldaº mugallym! — Ýene-de bir okuwçy dillendi.
Ýusup ýene ilden öòürdip, öz pikirini aýdan gyzjagyzyò üstüne gygyrdy.
— Sen nä futbol oýnaýaòmy?.. Oòat oýnasa oýnapdyr-da, utuluberse jyzyp, derrew aýaga depýär.
Kapitan bolma tamasy bilen öz adynyò tutularyna
garaºýan birki sanysy Ýusuby goldady.
— Geliò, gowusy, öòki kapitanyò atdaºy Çaryny
saýlalyò, ol...
Ýusup bu gezek turup geplän oglan sözüni soòlapsoòlamanka, oòa garºy boldy.
— Ondanam bir komanda kapitan bolarmy, belli
gykylykçy, meýdançany gohdan dolduryp ýör. Kapitan
saýlanjak bolsa, menikliräk birini saýlamaly.
Pes boýly, daýanykly Çary oturan ýerinden ýüzüni
aºak salyp, az-kem pikire batyp oturansoò, söz alyp,
ýerinden turdy.
304
— Ýusup, indi saòa çak boldy, etseò-ä birazrak
öçüp otur. Klasda agyzly-dilli bir sen däl, onsoòam
ºuny belle, güýjüm seniòkiden pes bolsa-da, bary-bir,
özümi hiç kime kemsitdirmerin, gyzyl ýuruga giriºmeli
borsuò. — Klasa birdenkä ümsümlik aralaºdy. Her kim
az wagt öz pikiri bilen ikiçäk bolup galdy.
Ýusup aºak bakyp biraz gülümsiräp oturansoò, elini
göterip, ýene-de özüne söz sorady.
— Ýoldaº mugallym, Çary bize kapitan bolup biljek
ekeni. ªuny goýaýalyò!
Birnäçeler: “Ýusup Çarynyò agasyndan çekinýändir”
diýip oýlansa, ýene birnäçeleri “Bä, Ýusup höwselesiz
— gorkak ekeni” diýip pikir etdi.
— ªu gün seniò özüòi alyp barºyò birhili, Ýusup —
diýip, häliden bär iözgeleri diòläp oturan mugallym
hem ondan nägile boldy. — Seò näme üçin pikiriò birdenkä, sen-men ýok, üýtgedi oturyberdi. Mundan iki-üç
minut öòem-ä: “Ýok, Çary gerek däl” diýip, gygyran
sendiò, indem: “Çary kapitan bolup biljek ekeni” diýýärsiò. Sen onuò kapitan bolup biljegini nä bilýäò?
Ýusup adaty parahatlygyny saklap oturyºyna jogap
berdi.
— Men düýn klasymyza kapitan saýlajak bolýanymyzy atama gürrüò berdim. O-da: “Öz mertebesini
gorap bilmeýän adam komandanyò mertebesini gorap
bilmez” diýdi. ªonuò üçinem atamyò öwrediºi ýaly
synap gördüm.
Klas aòk-taòk bolup, bir mugallymyò, bir Ýusubyò
ýüzüne seretdi.
305
Mugallym Ýusuby diòläp biraz oýurganansoò, ýenede okuwçylara ýüzlendi:
— Çary biziò kapitanymyz bolar diýeniòiz eliòizi
göteriò!
Onlarça el birbada partalaryò ýokarsynda ösdi.
ªAHYR
Iò soòky sapak aýdym sapagydy. Mugallym adyny
tutup, Taòòyny tagta geçirdi-de, ondan öýe berlen
ýumuºy sorady. Taòòy seòrigini ýygryp, çekkesini dyrmalansoò, aºak seretdi. Bu onuò sapagy bilemok diýdigidi.
Öòki partada oturan ak fartuklyja gyz Taòòynyò
ýüzüne seredensoò, ýaòyja partadaºy bilen tersleºip,
aralyga çyzyk çekenini hem ýadyndan çykaryp, oòa
tarap süýºüp pyºyrdady.
— ªu, Taòòy oglan bir ýalta, goºgynam ýat tutman
gelipdir.
— Ziòkildemesine, özüò çyzdyò, indi özüòem geçme!
— diýip, ýoldaºy çyzylan çyzygy görkezip, gaºyny
çytdy. Gyz elini çekip aldy-da, partadaºyna seredip,
dodagyny çöwürdi.
Klas urnalyna güýmenip oturan mugallym partalaryò üstünde tokaý bolup duran elleri görse-de, ol
goºgyny baºga bir okuwçydan soramady.
Taòòy birsalym ýüzüni salyp duransoò, baºyny göterip, burça seretdi, dodagy çömmerdi. ªundan soò ony
synlanlaryò köpüsi elini ýatyrdy. Sebäbi, Taòòy geplän
306
mahaly mydama dodagyny çömmeldip, bir ýana seredip gepleýärdi. Häzirem onuò dodaklarynyò çömmermegi onuò geplejek diýdigidi.
Baharda baýra gitdim,
Köp kömelek çöpledim.
Gyzyl-ýaºyl güllerden
Ýassyk ýaly topladym.
— Wi... bu oglany, ol-a däl — diýip, öòdäki partada
oturan çepiksije gyz ýene-de elini öòe uzadyp dillendi.
Eýlekilerem mugallymyò bir söz diýerine garaºyp üºeriliºdiler. Taòòy hem mugallymyò ýüzüne göz gytagy bilen
syn edip, sakanaklansoò, ýene-de goºgyny dowam etdi.
... Göwnümizi göterdi
Dürli gülleriò ysy.
Mugallym Taòòy baºlan goºgusyny aýdyp gutarýança, ne oturyºyny üýtgetdi, ne-de ýüzüni.
Ýene baýra gelerin,
Öwüp goºgy ýazaryn.
Atam ýaly üstünde,
At çapdyryp gezerin.
Taòòy goºgyny tamamlap, ýere seretdi.
— Goºgyny haýsy kitapdan ýat tutdyò? — diýip,
mugallym biraz dymansoò ondan sorady.
— Özüm, özüm ýazdym...
Ähli klas gulaga öwrülip üºerildi.
— Mugallym, ol “Mydam taýýardan” göçüren bolaýmasyn, ºonda goºgy kän çykýar — diýip, kimdir
biri ynamsyzlyk edip, yzdan seslendi.
307
— Ýok, beýle däldir-le, goºga üns beren bolsaòyz,
onda Taòòynyò diýäýjek zatlary ýok däl.
Atam ýaly üstünde,
At çapdyryp gezerin.
Bu setirleri ýazan mahaly Taòòy, dogrudanam, öz
serkerde atasyny ýatlapdyr. Hakykatdanam oò atasy
ülkämizi keseki duºmanlardan gorap gezen belli adamlaryò biri.
Taòòy atasy hakynda baºlanan söhbetiò uzalmagyny islese-de, mugallym gürrüòi ºundan artyk äkitmedi.
Kem-kemden klas Taòòa gözügidijilik bilen seredip
ugrady.
— ªahyr, öýe berlen ýumºa sowuk-sala çemeleºeniò
üçin bu gezek saòa käýemäýin, ýöne indiki aýdym
sapagynda ýene-de sorajagymy bek belle. Goºgyny hem
sapaklaryòdan boº wagtyò ýazyber. Emma ºu zady
hem ýadyòdan çykarma, ºahyr bolmak üçin köp okamaly, köp bilmeli, duýmagy baºarmaly. Sapaklaryòa
hem yhlas bilen ýapyºmaly...
ªu wakadan soò häli-ºindi Taòòynyò adynyò yzyna
“ºahyr” lakamy tirkelip ugrady.
Hol gün klasdaº gyzlaryò biri ejesi bilen bir ýerden
gaýdyp gelýärkä, Taòòy duºup, ony ejesine görkezdi:
— Eje, hol-a, seret, ºol oglan biziò klasymyzyò
ºahyry.
Taòòy bu gürrüòi eºitmediksirese-de, özüniò “ºahyr”
diýlip tanalýanyna monça boldy. Ýene bir ýola bolsa
8-nji klasda okaýan Sapar atly oglan ony gözläp ýörite
308
geldi. Ýuwaºlyk bilen bir gyzyò ºanyna bir goºgy
düzüp bermegi, ondan gara çyny bilen haýyº etdi. Ol
oglanyò haýyº ediºine görä gyz goºgyny okap, tapyrtupur oòa aºyk bolmalydy. Özi-de gezeginde bir gap
ºokolad hem “Kyrk teòòe” atly gyzykly kitaby sowgat
etjekdigini aýtdy.
Ýöne Taòòy näçe çytraºsa-da:
“Men seni söýýärin,
Yºgyòda köýýärin”.
diýen iki setirden özge, söýgi barada hiç zat ýazyp
bilmedi. Oòa derek kebelek hakynda bir goºgy ýazdy.
Goºga garaºyp, mat bolan Sapar: “Aý, ol hakyky
ºahyram däl eken-laý” diýip onda-munda göwnüýetmezçilik etse-de, onuò sözüne ynanan adam bolmady.
Taòòynyò dowlundan soò, mekdepde ºahyr boljak
bolup goºgujyk ýazanlar baºga-da köp boldy. Ýöne
olaryò hiç biri hem Taòòy ýaly ºöhrat gazanyp bilmedi. Onsoò olaryò özleri ýuwaº-ýuwaºdan goºgy ýazmalaryny taºlap ugradylar.
Bir ýola arakesme mahalynda Taòòy öz klas
ýolbaºçylary bilen baºga bir mugallymyò özi hakda
gürleºýän wagtyna pete-pet geldi. Aýak çekip diòºirgendi.
— ªahyryò hakynda seniò özüò nähili pikirde,
onuò dabarasy ýaman uly boldy-la.
— ªeýle boldy özün-ä, ol hakyky ºahyrmy, ýa-da
dälmi, on-a biljek däl, ýöne onuò oòat zada guwanmagy, erbet zady seljerip, ýigrenip bilýänlig-ä hak.
Okuwyna hem yhlasy erbet däl...
309
Mugallym ýene bir zatlar diýdi. Ýöne klasa çagyrýan
jaòyò turzan gohy oòa baºga hiç zat eºitdirmedi.
GÜÝÇLI
Orazyò özünden göwni hoºdy. 4-nji “B” klaslylar
ony öz aralarynda: “Iò güýçli, taýsyz” diýip hasap
edýärdiler. Hernä ondan birneme çekinerdiler. Klasda
öýlerinden getiren gutabyny, ºokoladyny Oraz bilen
bölüºip, oòa ýaramsaklyk edýänler-de ýok däldi. Gyzlar
bolsa ondan çekeräk bolanlaryny kem görmezdiler.
Orazyò ýanynda ýoldaºlaryny ynjytmak eºekden palan
alança-da ýokdy. Islese her kime bir lakam dakardy. Ol
inçejik Ýusuba “çöpünjik” diýse, Törä kellesi goçak
bolany üçin “Butdaºkelle” diýip ýüzlenerdi. Soòabakan
onuò klasa berýän azary has artyp ugrady. Mugallymyò beren temmisi-de oòa tär etmedi. Düzelmäge söz
berse-de, beren sözüni ºol ýerde unutdy. Gaýta ynjap,
mugallyma ýüz tutan ýoldaºlaryna “ºugul”, “akjyk”
diýen lakamlary dakyºdyrdy. Olary gören ýerinde: “Akylyòyza mugallym näme berdi, ýyrtyk ýeriòize ýamalak
aldyòyz gerek? Hany, tahýaòyzy aýryò, seredeýin, ýene
size ºah çykan bolaýmasyn?!” diýip, olaryò üstünden
gülerdi. Onuò ýalan hikirdisi, her ädimde men-menlige
ahyrsoòy klas oglanlaryny ymykly oýlanmaga mejbur
etdi.
Bir gün Orazyò mekdebe gelmedik güni oglanlar
toparlanyºyp, oòa öý iºleri göçürtmezligi, ýarymsaklyk
310
etmezligi, gerek bolsa garºysyna çykmagy hem öz
aralarynda dilleºip, maslahat etdiler.
Ertesi Oraz mekdebe gelende jaò bolmaga entek
wagt bardy. Ol öýden gaýdanda, düýnki öýe berlen iºi
oglanlaryò birinden, mugallym klasa girmänkä, harshurs göçürmegi, soòundanam soòundanam biraz basalaºyp
oýnamagy niýet edinip gaýdypdy. Ol klasa giren mahaly bir zatlar ýazyp oturan Töräni görüp begendi.
— Butdaºkelläm, geldiòmi? Munuò kellesi durºy
bilen hasap-hesip ahyryn, hany, depderiòi al, öý iºi
göçüreli?!
— Depder-ä ýok.
— Näme, näme? — Oraz ör-gökden geldi. — Sapak
gutaransoò hasaplaºarys — diýip ol Törä ýumrugyny
görkezdi. Orazyò bu gün Töräni kakaýmasa ynjalmajagy hakdy. Hemmeleriò garaºyºy ýaly hem boldy.
Soòky sapakda bolmadyk Oraz ýoluò gyrasyndaky
ýandaklykdan ör turanda Ýusup bilen tirkeºip barýan
Töräniò ýüzi derçigip gitdi. Syrylan kellesi kibtine
giräýjek boldy. Gaçmak üçin yza tesdi. Ýöne Orazy
görüp ylgaºyp gelen oglanlar ony goýbermediler.
Hasanaklap gelen Oraz ýakadan almaga ýetiºse-de,
el salmaga ýetiºmedi. Topbaklygy bilen üstüne zyòan
göwre Orazy ýere ýazdy. Bu Ýusupdy. ªundan soò
oglanlar hüwmek bolºup, Orazy aralaryna aldylar. Kim
ony döwüp alan ýandak çybyjygy bilen saýgalasa,
ýene biri lineýkasyny onuò depesinden inderýärdi. Urmaga
çemeli zat tapman kemerini sogrup alan Töre hem bir
eli bilen balagyny tutup, beýleki elindäki kemeri bilen
311
Orazy geròeýärdi. Oraz özüniò garºylygynyò biderekligine göz ýetiren bolsa gerek. Ol birki ýola elini
salgan-da bolsa, soòundan ýüzin düºüp möòòürip ugrady.
Töwerekden uly adamlar ylgaºyp gelmedik bolsa, oglanlar
ony entekler ýençmekçidiler. Olar ýaòy gyzyºyp ugradylar
ahyryn.
***
Bu waka mekdebe dessine ýaýrady. ªol günüò ertesi
4-nji “B”-leriò oglanlary tagtanyò öòüne geçip, hatara
durdy. Oglanlaryò hersi indi gaýdyp uruºmajaklaryna
söz berensoò, nobat Oraza ýetdi. Ol köpçülikden bir
ädim gapdalda ýeòsesini gaºap, ýüzüni sallan bolup
durdy.
— Indikile uruºman...
— Hany, doluja aýt, gatyrak aýt özüòem, ýogsam,
hol yzky partada oturanlara eºidilenok! — diýdi-de,
mugallym ondan sözüni täzeden gaýtalamagy talap
etdi.
— Men indikile öz ýoldaºlarymyò göwnüne degmerin!
Ynamdan düºeni üçinmi, nämemi, mugallymyò onuò
sözüne ýene-de ynanasy gelmedi. Klasa ýüzlendi:
— Orazyò sözüne bu gezek ýene ynanarysmy?!
Klasyò içi dym-dyrslyk boldy. Hiç kimiò bir-bada
dodagy gymyldamady. Diòe birhaýukdan soò “çöpinjik” lakamly Ýusup ýerinden turdy.
— Ynanaýyò, mugallym, Oraz bu gezek dogrusyny
diýýär. Indi oòa düzelmekden özge alaç ýok. Düýn
312
Oraz iò güýçliniò kimdigine gözüni ýetirendir, ynanaýyò ýoldaº mugallym!
Hemmeler bir-birleriniò ýüzlerine serediºip
ýylgyrjaklaºdylar. Oraz hem gyzaryp durºuna ýylgyryp, ýeòsesini gaºady.
GIJÄ GALYP GELEN OGLAN
Bäºim Pöwrizedäki lagere bäº-alty gün gijigip geldi.
Ol gelende pionerler eýýäm otrýadlara, aýry-aýry zwenolara hem bölüniºipdiler.
Otrýadlaryò arasynda käbir sport oýunlary boýunça
ýaryº hem geçene meòzeýärdi. Bäºimiò daºyna üýºen
oglan-gyzlar ondan ilki bilen futboly nähili oýnaýandygyny soraºdyrdylar.
Bäºim birbada bulara nähili jogap berjegini bilmän,
ýaýdanjyrady. Soòundanam, ynamsyz, göwüli-göwünsiz
jogap berdi.
— Aý, azda-kände habarsyzam däl, obada-ha käte
dutar-sutara güýmenen bolardym...
Bu ynamsyz jogapdan soò Bäºimiò töwereginiò
märekesi azalyp ugrady. Özgeler bilen bu ýere gelip
duran Aºyr hem Bäºim: “Top oýnamak diýseò, gözüm
açylýar, ondakysynam salkyn düºsün, meýdança barýarys...” diýen ýaly sözleri dogumly durup aýdýan
bolsa, oòa öz otrýadyna geçmegi mürähet etmekçidi.
ªundan soò oglanlaryò arasynda hyºy-wyºy baºlandy.
— Oò daº keºbine seretseò-ä, zatdan baº çykýana
meòzänok.
313
— Obalarynda hem derde az ýaraýan bolarly.
— Öz otrýadymyza çagyrmanymyz hem gowy bolupdyr. Gury san bolar ýörerdi.
Pyºyrdylar gulagyna degse-de, Bäºim eºitmedisirän
boldy. Ýöne giçlik hatara durlup, dru inanyò
ýygnanyºygyna gidilen mahaly, ol daº-töweregini synlap, öz ýanyndan kemsindi. Üç otrýadyò üçüsi-de ony
öz hataryna almaga razy bolmady. Beýle ýagdaýa
ilkinji gezek duºan ýaº pionerwo atyý hem birbada
belli bir netijä gelip bilmedi. Ýagdaý ºeýle bolansoò,
Bäºim birnäçe gün niräk gidilse, hataryò iò yzynda
ýöremeli boldy.
***
Bir gezek 2-nji otrýadyò otrýad sowetiniò baºlygy
Aºyr Bäºimiò küºt tagtasynyò baºyna geçenini görüp,
onuò ýanyna geldi. Ol ýakynda lager boýunça geçirilen
ýekebara küºt oýnunda ýeòiji bolupdy. Aºyr hakda
“Mydam taýýar” gazeti hem öz sahypasynda çaklaòja
material çap edipdi. Materialyò çep tarapynda onuò
küºt oýnap oturan suraty hem ýerleºdirilipdi.
Howasy belent oýunçy bu gezek hem özüni görkezeýin
diýen bolsa gerek. Ol ýylgyran bolup lak atdy:
— Näme, tagtaò kletkalaryny sanaýarmyò?
— Näme edenimde saòa näme. — Aºyryò gep
salywyny halamadyk Bäºim onuò ýüzüne gözlemän,
pert gepledi.
— Oýnamagy baºarmaýan bolsaò, goý, küºdüò çöplerini ýitirersiò!
314
Beýle üstünden gülünme Bäºime ýaramady. Ol gyzyp, öz garºysyna elini uzatdy.
— Geç, oýnap göräýeris.
— Meò bilenmi? — Aºyr gözüniò hanasyny giòeldip, geòirgenen boldy.
— Hawa, otur, otur, seò bilen...
— Utulsaò, üç ýola horaz bolup gygyrmaly borsuò!
— Hany, entek ut...
— Meniò-ä senden utulsam çempion bolmadygym.
— Utulsaò, ýogsamam saòa çempion diýesleri ýok-la.
Aºyr Bäºimiò garºysyna geçensoò, küºdüò mallary
öz ýerlerini eýelediler. Bäºimiò parahat ýüzi birneme
çytylyp gyzarypdy. Ol häzir göçýän çöpleriniò hersini
tarkyldadyp bat bilen goýanyndan habarsyzdy. Çempion, kellesini käte bir dyrmalan bolup, parahat göçýärdi.
Käte-de özüniò üstüne egliºip duran ºepelerine “nädýän?”
diýýän ýaly, gözüni gypyp goýberýärdi.
Bäºim garºydaºynyò hereketlerini näçe görmezlige
salsa-da, wagty bilen özüni ele alyp, arkaýyn pikir edip
bilmedi. Birinji döw Aºyryò peýdasyna, onda-da juda
tiz gutardy. Bäºim suw içip gelmegi bahanalap ýerinden turdy. Ýene-de hyºy-wyºy baºlandy.
— Suw içip bogazyny arçajak bolýandyr.
— Muòa horaz bolmaga taýynlyk diýerler.
— Eý, geliò, utulan daga çykyp gygyrmaly edeliò!..
Bäºim çeºmeden goºawujyny dolduryp, birki ýola
içensoò, yza çekilip, bir agaja ýaplandy. Özüniò niredeligini unudyp, suwda elewreºip ýören balyjaklary syn315
lady. Goòºy jaýyò penjiresinden eºidilýän dutaryò sesine
haly düºekde oturan ýaly ºol oturyºyna çekenesini
ýaýradyp, arkaýyn diòledi. Dolanyp ýerine geçen mahaly onuò ýüzündäki gyzyl reòkiò tegmilleri aýrylyp,
hakyky durkuna gelipdi. Indi onuò göçüm göçüºi-de
parahatdy. On birinji göçümde gaçalgasyny aldyran
çempion töweregine delmirip seretdi. Ýöne hiç kimden
delalat bolmady.
ªol gün gijara çempionyò 2:1 hasabynda utulandygy
bütin lagere belli boldy.
***
Insizje jülgäniò arasy bilen çeºme ýabynyò boýuny
syryp gelýän pionerler çeºmäniò gözbaºyna golaýlaºdylar.
Gözbaºa ýakyn baryldygyça, bir-birlerini hymsyklaºyp
oturan gamyºlaryò boýy uzaýardy. Çeºmäniò gözbaºy
öz gözilginçligi bilen pionerleri geòirgendirdi. Ol dagyò
ep-esli ýokarsyndan çeºmeläp dökülýärdi. Akja damjalar ýokardan aºaklygyna “golça gaçdy” bolup oýnaýardylar. Töwerekdäki ösgün otlar bu tomaºany synlamaga gelen mähellä meòzäp görünýärdi. Daºa degip
pytran syçrantgylary öz eteklerinde ýygnaýardylar.
Bäºim bu görºnüºi birmeýdan synlansoò golaýdaky
gamyºlaryò birini özüne çekdi. Az wagtdan suwuò
gü üldisinden tüýdügiò tanyº owazy ýokaryk ösdi.
Bäºimiò çaldygyça çalasy geldi. Soòabakan onuò
göwnüni depeden dökülýän suw däl-de, hut asmanyò
özi dökülip duran ýaly bolup duýuldy.
316
***
Bäºim Aºyry küºtde utan güni özüniò kollektiwiniò
ynamyna birinji ädimiò ädilendigini syzypdy. Bu dogrudan
hem ºeýle. Oglan-gyzlar soòabakan küºt barada Aºyr
bilen gürleºenden onuò bilen gürleºmegi has gowy
görerdiler. Munuò tersine, Aºyr barha köpçülikden
daºlaºýardy. Ilkiler munuò ºeýledigini syzyp, Bäºim
muny öz üstünligi hasap eden-de bolsa, ýöne soòabakan
ol hakda oýlanyp baºlady. Birnäçe gezek onuò bilen
düºüniºmäge hyýallandy. Ýöne her gezekde Aºyr özüni
çete çekdi. Aºyryò özüni ºeýle alyp barmagy bäsdeºlikden
özge hiç zat däldi. Munuò ºeýledigine Bäºim, onuò
ýoldaºlary hem gowy düºünýärdiler. Soòabakan bu
gatnaºyk Bäºimi häli-ºindi iòkise gidip, böwrüni diòlemäge
mejbur etdi.
...Bu gün ol hemiºikisinden ir oýandy. Aºyr ýadyna
düºensoò, uklap bilmedi. Birsellem açyk penjirä seredip,
ýapraklaryò ºygyrdysyny diòläp ýatdy. ªu arada hem
onuò kellesine Aºyryò ýanyna barmak, islese onuò
bilen gidip, çeºmäniò boýunda gürleºmek, düºüniºmek
isledi. Ol häzir çeºme ýabynyò boýunyò çoladygyny,
gürleºmäge amat boljagyny hem ýatlady. Ol ukuda
ýatan ýoldaºlaryny ukudan oýaraýmakdan gorkup,
köwºüni eline aldy-da, aýagynyò daraklygyna basyp
Aºyryò bolýan otagyna ýetdi.
Aºyryò krowadyna gözi düºende ol geò galmakdan
ýaòa tas köwºüni elinden gaçyrypdy. Onuò ýeri
agºamkysy ýaly bejerilgiligine durdy. Diòe krowadyò
317
aºagynda Aºyryò çeken suratlarynyò iki sanysy, güýz
ýapraklaryna meòzäp ygyºyp ýatyrdy. Bäºim äm-säm
bolup yzyna dolandy. Ýöne ol tä irki dru ina
ýygnanyºygyna çenli näçe bilesi gelse-de, Aºyr hakynda
hiç bir habar bilip bilmedi. Ýygnanyºyk mahaly
pionerwo atyny diòläp, ol gije Aºyryò agasynyò maºynly
gelendigini, enesiniò syrkaw ýatandygyny aýdyp, ony
özi bilen alyp gidendigini bilip galdy...
ILKINJI BĪLIK
Ol wagtlar mekdebe-okuwa gatnaºýan oglan-gyzlara
meniò diýseò gözüm gidýärdi. Olaryò owada-owadan
suratly kitaplary bardy.
Biziò obanyò ortasynda oturan hem “Bäºbela” ady
bilen tanalýan kowçumymyzdan hem, hany göreýin,
has uly klaslarda okaýanlara gerek däl,... Ýazy akgam,
Juma akgam, Bikge ejem onuò hakyky ady Ýazbike
ýöne hemmeler oòa Bikge diýýärdiler. Meniò esasan
hem ºu üçlüge gözüm gidýär. Owadan suratly kitaplaram ºularda bar. Okuwdan gelensoòlar hem olar
köplenç çolarak ýerlerde, jaýlaryò ýa-da baglaryòkölegesiniò aºagynda sapaklaryna taýynlanýarlar. Kitaplaryny sesli okap, goºgulary ýat tutýarlar. Ýöne Bikge
ejem, goºgyny ýat tutmak üçin, onuò setirlerini bölüpbölüp öwran-öwran gaýtalap, soòra kitaba seretmän
gözlerini ýumup näçe dert azar bolsa-da, ýat tutmaga
gelende hemiºe men ondan öò ýat tutýardym.
318
Bikge ejem bolsa henizem, kitabyny bir açyp, bir
ýapyp, ýene birde oòa gözüniò gytagyny aýlap, seretmedikden bolup seredip oturandyr.
Ýazy akgam bilen Juma akgam mekdebe gidenlerinde meniò: “Menem gitjek” diýip aslyºjagymy bilip
köplenç maòa görünmän giderdiler. Bikge ejem görgülini bolsa men aòsat sypdyrmazdym, käte ol meni-de özi
bilen mekdebe alyp gitmäge mejbur bolardy.
Anna brigadyò ............. diýen gyzy bolsa Bikge ejemiò
partadaºydy. Käbir mugallym bolaýmasa köplenç mugallymlar bir sagat, iki sagat bularyò aralygynda okuwçy bolup oturmaga maòa-da rugsat ederdiler. Men
okuwçy bolsaò akylly bolmalydygyny özüme ýatladyp,
elimi elimiò üstüne goýup, mugallymyò diýýänlerine
aòry ýany bilen düºünýän ýaly bolup oturardym. Hemem
öz deò-duºlarymdan öò mekdebe gelýänime monça
bolup begenerdim. Hatda men bir ýola bäºligem alaýdym. Bu ºeýle boldy: ªol gezek klasy daýaw Garajaýew mollum okudýardy. Ol ºol gezek bir oglanyò
yzyndan, öýde ýat tutulmaly goºgyny aýdyp bermek
üçin Bikge ejemi tagta çykardy. Bikge ejem tagtanyò
öòünde durup goºgynyò iki bendini tiz aýtdy. Indem
ine saòa gerek bolsa, onuò yzy ýadyna düºenok, bir eli
bilen saçynyò ujuny oýnap görýär bolanok. Gaºyny
çytyp oýurganýar bolanok.
Bikge ejeme diýseò kömek edesim geldi. Durup
bilmedim, pyºyrdap onuò ýadyna düºmeýän bendi gaýtaladym.
319
Garajaýew ilki bu pyºyrdyny öz okuwçylarynyò
biridir öýtsede, “kömek bermäò, goý özi ýatlasyn!”
diýse-de soòra ol pyºyrdaýanyò mendigimi gördi. Özide meni görüp diýseò geò galdy? Çaky ol meniò
oturanymy häzire çenli görmän ekeni. “A, indi bu kim?
Bu nireden peýda boldy?” ol ºeý diýip klasa ýüzlendi.
Okuwçylar maòa serediºip gülüºdiler. Garajaýew soòra
birki ädim ätläp maòa golaýlaºdy.
— Sen kim borsuò ýagºy ýigit?
— Men Aga!
— Sen kimiò ogly?
— Ejemiò!
— Kakaò ady näme?
— Allanazar!
— Haýsy Allanazar ol?
— Allanazar traktorçy!
— Hä boldy. Sen bu ýerde näme iºläp ýörsüò?
— Okamaga geldim!
Töwerekdäkiler ýene-de ýylgyryºdylar. Garajaýewiò
özi-de ýylgyrdy.
— Okamaga gelen bolsaò hany onda tagta gel-de
goºgyny aýdyp ber!
Men Anna brigadiriò gyzyny itekläp turuzyp partadan çykyp tagtaò öòüne geldim. Okuwçylara meòzäp
durmaga çalyºdym, baºymy göterip, kükregimi biraz
öòe çykardym. Boldum bir okuwçy... Soòra goºgyny bir
baºyndan Bikge ejemiò ýat tutanda okaýºy ýaly pertpert edip aýtdym. Garajaýew meni diòlänsoò, Bikge
320
ejeme seredip, Gullarowa sen sapaga gowy taýynlanmansyò zordan üçlük, a jigiòe bolsa bäºlik diýdi.
Sapak gutaranyna mähetdel men ilkinji alan bahamy eneme buºlamak üçin gyssanyp, ylgap öýe gaýtdym. Kakam eºitse-hä “hümm...” eder, ejem eºitse-de:
“Bar oýna kellämi agyrtma” ýa-da “Bar alan bolsaò
eneòe ber!” diýer. Enem weli diýseò begener, bu bäºligi
hamala men däl-de özi alan ýaly begener.
Ol hemiºe meniò üstünligime ºeýdip özünden beter
begenýär. Ene diýeniò ºeýle bolmalydyrda belki.
321
Ertekiler
Mähekdaº
Altyn jaòjagaz
Tilkiniò ýüz birinji sapalagy
Ýüzüni nurana-da gördüm-le
Hadysa
322
MÄHEKDAª
il ki bir gün atyzda ekinlerini suwaryp ýörkä
birden ýabyò suwy kesildi. Gözbaºda ýa-da
suwuò ýol ugrunda birzadyò bolanlygy belli
boldy. “Näme boldukan?” diýip, tilki ilki böwrüni
diòledi.
Soòundanam onuò sebäbini bilmek üçin ýabyò boýuny syryp gözbaºa ugrady. Ol az ýörä, köp ýöräp ahyr
birsalymdan daga ýetdi. Ine görse dagyò ýokarsyndan
togurlanan bir äpet daº keserip suwuò öòüni bekläpdir.
Tilki daºyò daºyò töweregine biraz aýlanansoò, bu äpet
daºy bir özüniò ýoldan sowup bilmejegine düºündi. Ol
näme ederini bilmän oýurganyp otyrka bir ýerden äpet
sepeò basyp gelýän aýy peýda boldy.
Tilki ony görüp, dessine mähir bilen daºyò arkasyny
sypan boldy.
— Gözläp gezenje zadym. Zordan tapanja zadym...
Aýy, tilkiniò bolup oturyºyny görüp aýak çekdi.
— Tilki, näme gotur daºy gujaklap samrap otyrsyò?
— Aýy daýy bu ýönekeý daº däl-de!
— Hä, ol nähili daºmyºyn onda?
— Muòa biler bolsaò Mähek daºy diýýändirler.
— Eºidipdim. Eºidipdim öz-ä ºeýle daºyò barlygyny...
T
323
— Ine eºitseò ºu hut ºol daº-da...
Muny doganym bilen telim günläp daga dyrmyºyp
gözledik. Ahyram ine azabymyz ýerne düºdi, ony tapyp ºu ýere getirdik. Bazarda munuò aºyk ýalysyna el
ýaly altyn berilýär.
— ªeý diýsene — Tilkiniò tarypyndan soò aýynyò
gotur daºa has-da gözi gitdi. ªundan soò ol gerekli
daºyò özüniòki däl-de tilkiniòkidigine gynandy. Tilki
hem muny duýdy. Aslynda oòa geregide hut ºudy. Ol
ºundansoò gözüni süzüp ýola sereden boldy-da haýyº
bilen aýa ýüzlendi.
— Aýy daýy, sen bir ýere howlukmaýan bolsaò
biraz ºu daºa gözegçilik edip dursana? Inim daºy bu
ýerden äkitmek üçin oba, araba getirmäge gidipdi. ªol
azaºyp dagy ýören bolmasyn, men gidip ºonuò öòünden
çykaýyn.
Gökdäki dilegi ýerde gowºan aýy, tilki bilen dessine
göwünjeò razylaºdy.
— Arkaýyn gidiber. Sen gaýdyp gelýänçäò men
daºdan gözümi aýyrman oturaryn.
Tilki gidip, bir depe aºansoò ýene-de öwrülip yzyna
geldi-de, bir bukuljak ýerde oturyp, aýynyò hereketlerini
synlady.
Birazdan aýy daº-töweregine ýaltaklap hiç kimiò
ýoklugyna göz ýetirensoò äpet daºy hyklap-çoklap zordan göterip egnine aldy-da, ýegdekläp öýüne tarap
ugrady.
Birazdan ýene-de akarda suwuò ºadyýan sesi eºidildi.
324
ALTYN JAÒJAGAZ
Durmuº tötänlikden doly. Ine bir günden bir gün
bagty çüwen Piºik ýurda han boldy.
Köpden bäri hökmirowan hanyò özlerinden bolmagyny arzuw ediºip ýören piºikler muòa diýseò begendiler. Onuò her babatda: “Soltan süòòüni har
etmez”edip, özlerini özgelerden ilerlejekdigini, ýolbaºçy
wezipelriò aglabasynda baºgalaryò däl-de piºikleriò
oturjakdygyna ynandylar.
Munuò tersine syçanlar bolsa köne duºmanyò dost
bolmajakdygyny, çäksiz hökmirowanlyk piºikleriò eline
geçensoò indi ýaºamagyò öòküden has kyn boljakdygyny ýatlaºyp gynandylar. Indi nätmeli bolarkan diýºip
syçanlar uly alada galdylar. Soòundanam olar ºu mesele boýunça haýal etmän syçanlaryò gyssagly bütindünýä maslahatyny çagyrmagy makul bildiler. Aòyrsy
bir hepdäniò içinde bu çakylyga dünýäniò dürli künjeklerinde ýaºaýan akly-garaly syçanlaryò ýüzlerçesi
gelip ýetiºdi. Kyn günde ºeýdip bileleºip-maslahatlaºyp
çykalga gözlemek syçanlaryò edähedi. Maslahatda çykyº
eden syçanlaryò hersi bir pikir aýtdy. Birnäçeleri ýurtda piºik häkimligi gutarýança bu ýurtdan gaçyp baºga
bir ýurda aºmagy maslahat berdiler. Beýleki bir topar
göreºmeli diýen pikiriò tarapynda boldy. Olar: “Syçanlaram Taòrynyò perzendi, olaryòam il deòinde ýaºamaga
haky bar!” “Ýok bolsun taýpaparazlyk!” diýen ýaly
teýeneli ýazgylary göterip, topalaò turuzmagy, han
köºgüniò öòüne üýºüp barmagy dogry tapdylar. Bu
325
märekäniò içinde Hinidistandan gelen maòlaýy nokat
gara hally bir köpi gören, akylly syçan hem bardy. Bir
mümkinçilik bolanda ol-da söz alyp öz pikirini orta
atdy.
— Piºigiò boýnuna jaò dakmaly doganlar...
Hindistandan gelen syçanyò maslahaty ilki hemmeleri diýseò geò galdyrdy. Ýogsa-da, kimmiºin ol özi
syçan bolup piºigiò boýnuna jaò dakyp biljek? Bu
akyla sygjak zatmydy näme? Töweregiò bu sözden soò
uly alada galanyny görüp, Hindistandan gelen maòlaýy
nokat-hally syçan, pikirini dowam etdirdi. Birnäçeler ol
gepläp baºlanda, “Bu indi “Jaòy piºik uklap ýatyrka
onuò boýnuna dakmaly” diýen ýaly ýene bir bolmajak
gep tapsa gerek” diýºip oýlandylar. Ol barybir töweregindäki pyºyrdylara üns bermedi.
— ªol jaòy ynansaòyz piºigiò boýnuna men dakyp
bereýin. Ýöne siz ertire çenli maòa altyndan tereò
owazly jaòjagazy beriò!
Ussa syçanlaryò ýanynda bu iºiò kyny barmy näme.
Olar ºol günüò özünde jaòy guýup taýyn etdiler. Ertir
Hindistandan gelen maòlaýy nokat-hally syçan ýanyna
iki sany abraýly syçany hem alyp täze saýlanan hanyò
huzuryna geldi. Hormat bilen syçanlaryò adyndan ony
täze wezipe bilen gutlady. Öz ýanlary bilen alyp gelen
sowgat-serpaýlaryny onuò egnine ýapdy. Hanyò boýnuna bolsa ºol ussatlaryò yhlas siòdirip ýasan naºyjaaltyn jaòjagazyny dakdy. Piºik han syçanlardan diýseò
hoº boldy. Has-da oòa mylaýym seslije jaòjagaz ýarady.
Han piºik ºundan soò halan altyn jaòjagazyny boýnun326
dan aýyrmady. Onuò mylaýym-ýakymly sesine guwandy. Piºik bir ýere ugran mahaly hemiºe altyn
jaòjagaz jyòòyrdap onuò han gadamyna ähmiýet berdi. Töwerekde ýaºaýanlara bolsa ºundan soò oturan
ýerlerinde Hanyò nirede oturyp-turýanlygyny bilip
oturmaga mümkinçilik döretdi. Gepiò magady altyn
jaòjagaz iº bitirdi. Piºigiò hanlyk süren döwründe syçanlara arkaýyn ýaºamaga mümkinçilik döretdi.
TILKINIÒ ÝÜZ BIRINJI SAPALAGY
Bir ýola tilki çölde aýlanyp ýörkä, duýdansyz ýagdaýda bir bir depäniò arkasynda dynç alyp oturan
möjekleriò üstünden geldi.
— Hany, bäri gel! — diýºip, möjekler ony görüp
onuò üstünden gülüp oýnamak üçin ýanlaryna çagyrdylar. Tilki gaçsa tutuljagyna düºünip, syr bildirmezlik
üçin ýalmandy.
— Hawa, agalar, näme hyzmat! — diýip, mylaýymsyrady. Guýrugyny howada eýläk-beýläk gezdirip ýalmanyp, gowusyrady.
— Hany, seni ýaman aldawçymyº diýýärler-le!
— Ýok, agalar, aldawçam bolsam men sizi, onda-da
möjek neslini aldaýan däldirin. Aldamaga milt hem
edip bilmerin.
— Ýeri, ýeri... saòa biz beletdiris — diýºip möjekler
gülüºdiler.
Tilki bir ýol tapmasa möjeklerden halas bolup
bilmejegine düºündi. ªundan soò ol:
327
— Agalar, meniò “Gawun ogurlaýºym”, “Tazy
aldaýºym” diýen ýaly oýunlarym-a bardyr. Bolmasa
ºolaryò birinden birini size-de görkezeýin, ýöne, onsoò
meni goýberseòiz.
Möjekler ýerli-ýerden: Gökez-de, hany gökez —
boluºdylar.
Tilki olara:
— Onda siz meniò töweregime tegeleniºip duruò!
Möjekler tilkiniò üstünden gülüp hezil görmek üçin
onuò töweregini halkalaºyp durdular.
— ...Düme ýerden ine ºuòòaly gawun ogurladym —
diýip tilki ilki ýere bir kiçiräk gawunyò suratyny
çekdi. Soòundanam ºu usulda beýleki ýerlerden çilen
gawunlary hakynda gürrüò berip, olaryò hem ýekemeýekeden ºekilini çekip, görkezip ugrady.
— Haý zalywa-da dünýäò gawunynyò-a iºin gören
ekeni — diýiºip, möjekleriò oòa gözi gitdi. ªol arada
tilki: ine ºuòòalagam birini ogurladym — diýip, ýer
çyzyp ordanyò serdarynyò ýakynyna bardy. Ol hem
beýleki möjekler ýaly tilkiniò daºan gawunlaryny göz
öòüne getirip, sülekeýini sarkdyryp durdy.
Tilki ºol arada amatly pursadyò gelenini duýup,
harsa serdar möjegiò aýaklarynyò arasyndan sümülip
geçdi.
Soòundanam:
— Ýa pirim çöl, özüòden medet — diýip, berdi
ýazzyny.
Möjekler “Haý, ýene bizi alda-dow” diýºip, onuò
yzyndan serediºip, gülºüp galdylar.
328
ÝÜZÜNI NURANA-DA GÖRDÜM-LE
Tilki bir ýola maºynda baºlygy — möjegi ºähere
alyp barýardy. Obadan çykyberenlerinde olaryò öòünden
bir bölejik çekenäni öòüne salyp bakmaga alyp barýan
çopanjyk çykdy. Çekenesini ýoluò ol ýüzüne geçirmegi
niýet edinen çopanjyk ºu pursatda goýunlaryny ýaòy
salypdy. Yzyndanam maºynyò söbügini basyp ýetip
gelýänini görüp birbada aljyrady. Ylgap goýunlaryò ha
eýlesine, ha beýlesine geçdi. Onuò bu bolºy howlukmaç
barýan tilkiniò gaharyny getirdi. Ol oturan ýerinden
yzly-yzyna signal berip, kellesini maºynyò kabinasyndan çykaryp, çopanjygyò üstüne gygyrdy.
— Häý, mysalyò gursun. Aýyr, mallaryòy ýok etde
ýoldan tizräk!
Çopanjyk ýöne ýerden özüne käýelmegine nägilelik
bildirmek üçin baºyny göterip maºyna tarap öwrülen
mahaly, birden onuò ýüzi açylyp, garaºylmadyk ýagdaýda ýylgyryp goýberdi.
ªofýor tilkiniò gapdalynda oturan möjek baºlyk
bolsa indi bir eýýämden bäri, çopanjygy görüp tanaly
bäri onuò hereketlerini synlap guwançly ýylgyryp otyrdy.
Çopanjygyò ýoldan howlukman aýrylmagyò ýerine,
gaýta ýylgyranyny görüp, ºofýor tilkiniò has-da gahary
geldi.
— Munuò akylam ýerinde däl öýdýän... Men-ä
janymy ýakyp onuò üstüne gygyrýan, bu bolsa gaýtam
gülýär. Güm bol how ýoldan, saòa diýilýär!..
329
Süri sowlup, maºyn ýene-de ýoluna gönügensoò
hälden bäri wakany gapdaldan sesini çykarman synlap
oturan baºlyk tilkä ýüzlendi.
— Ýaòky çopanjygy tanadyòmy, tilki?
— Aý...ý, ýok... baºlyk.
— Ol meniò uly agamyò ogly. Ýaòy gaòrylyp
sereden mahalam meni tanap ýylgyrdy.
— Hä, ºeý diýsene. Ýüzüni nurana-da gördüm-le...
Hawa-da, tilki hemiºe tilki bolýar-da. Ol
ýalòyºmakdanam asla gorkmaýar. Sebäbi ol ýalòyºsada ony ýüzugra wagtynda düzetmegi baºarýar.
Maºyn ºäher ýoluny külterläp, myçyp gitdi.
HADYSA
Köºek bir gezek suwkädini baºyna göterip suw içjek
bolanda atdanlykda bilmän ony baºyna geýdi. Soòra ol
onuò içinden kellesini çykarjak bolup näçe çytyraºsada bolmady, ähli synanyºyklar peýdasyz gutardy. ªundan soò köºek gürlän wagty onuò sesi gowagyò içinden
gelýän ýaly, ýat ses bolup eºidildi.
Köºegi ilki görüp, oòa kömege gelen onuò söýgüli
ejesi Dülbibi boldy. Ol suwkädini aýyrmakçy boldy
bolmady. Köºegiò kakasy Ineriò suwkädini kelleden
aýyrmak üçin eden synanyºyklary hem biderek boldy.
Soòundan üýºüºip goòºular eºidiºip geldiler, kellesi suwkädili köºegiò töwereginde aýlanyºyp, ony nädip halas
etmelidigi barada oýlanyºyp, pikire batyºyp durdular.
— Haý, bolmandyr özü-nä...
330
— Ýa-da agyr bir zat bilen kädini urup döwmeli.
— ªeýtse onuò içindäki kelle aman galar öýdýäòmi?
— Olam-a ºeýledir-ow...
Haýsydyr bir iº bilen oba gelen tilki üýºmeleòi
görüp “Ol ýerde näme gep-gürrüò barkan” diýip
märekäniò çetinden geldi. Bu mahal waka barha
dartgynlaºýardy.
— Indi munuò kellesini kesamasak bolmaz. Köºegiò
ejesiniò howsalasy has-da artypdy. Ol ýas-ýaòy ogluny
bu beladan dyndarmagyny diläp Gutarmyº babanyò
ýoluna jüp çörek aýdanyny hem unudyp, ýagdaýyò
çäresizligine ynanansoò hudaýyò özüne ýapyºyp kömek
sorap, onuò ýoluna bir iººek goýun bagyºlady.
ªundan soò hälden bäri gapdalda durup nämäniònämeligine gözüni ýetirip, düýeleriò sadalygyna içini
güldirp duran tilki iººek goýunyò ady tutulyp orta
atylansoò ýalmanyp köºegiò ýanyna geldi. Ilki näderini
bilmeýän ýaly bolup: “Haý, bolmandyr özün-ä” diýip
onuò töwereginde aýlandy. Ýagdaýa dartgynlylyk berdi. Soòundanam “Hany men pirimi çagyryp synanyºyp
göreýin!” diýip, rugsat soraýan äheòde töweregine seretdi. Näderini bilmän alaçsuz duran märeke ºundan soò
ýerli-ýerden “Göreweri-de, ºeýdeweri tilki dogan!” diýºip
oòa ýol berdiler.
Tilki suwkädiniò agzynyò iki tarapyndan tutdy-da,
bir çekende ony iki bölüp her tikesini bir gapdala
taºlady.
ªundan soò düýeleriò üstünden agyr ýük aýyrlan
ýaly boldy.
331
Olar “Hudaýa ºükür, derdimiz dep boldy” diýiºip
ýeòillik bilen dem aldylar.
— Bä, tilki agada emel kän-ow...
— Tilki aga ýetiºäýdi. Ýogsam kellesini kesäýmesek
bolmazdy.
— Asyl, beýdäýseòem boljak eken-ä. Kellä gelmändirdä — diýºip gürrüò etdiler.
Tilki soòky gürrüòlere gulak gabartmady. Ol Hudaý ýoluna aýdylan iººegi eºeginiò öòüne aldy-da,
çagajyklarynyò ýagly guýruk gapjagyna begenip niredesiò obam diýip ýola rowana boldy.
332
Ýazyjy Agageldi Allanazarowyò
döredijilik dünýäsinden
söhbet açýan
makalalar,
synlar,
goºgular
333
AGAGELDI ALLANAZAROWYÒ MASLAHATDAN
GEÇEN ILKINJI KITAPÇASYNYÒ PROTOKOLY
1976-nji ýylyò 26-njy iýunynda TSSR Ýazyjylar
soýuzynyò çagalar hem-de ýetginjekler seksiýasynda
ýaº ºahyr Agageldi Allanazarowyò “Güneºli gämi” atly
poemalar hem-de goºgular ýygyndysy ara alnyp
maslahatlaºyldy.
Maslahata ºu aºakdaky ýoldaºlar gatnaºdylar. Ýagmyr Pirgulyýew, Goºjan Seýitmädow, Atamyrat Çopanow, Gurbannazar Ezizow, Annaly Berdiýew, Tura
Gurbanowa, Ýazjuma Agageldiýew, Hemra ªirow.
Ýygyndy baradaky pikirlerini aýtdylar:
1. Gurbannazar Ezizow:
— Agageldi ýalak oglanlaryò ýygyndylary çyksa
gowy. Kämil goºgulary köp. Käbir setirlere azda-kände
seredilse oòat ýygyndy çykjak.
Ylýas hakynda “Ýyldyzyò ýoly” poemany haladym,
oòat poema ýene-de birnäçe oòat goºgularyny ºunuò
daºyna toplasa, gowy ýygyndy bolar.
“Täjiò arzuwlary” gowºak. “Enemiò äýnegi” goºgy
gowy, ýöne ýene soòlama gerek. Ýygyndyny neºirýata
hödürlemeli.
334
2. Atamyrat Çopanow:
— Agageldiniò goºgulary gazet- urnallarda yzygiderli çap edilip durulýar. Onuò gowy goºgulary kän.
Pasyllar hakyndaky goºgularda käte rifma gowºaýar,
Bathyz hakyndaky goºgular oòat. “Keýigokara” öòkülere
çalymdaº. “Ganatlylar” atly poema ululara hödürlenen
bolsa-da boljak ekeni. Meniò-ä umumy pikirim gowy,
ýygyndyny hödürlemeli.
3. Annaly Berdiýew:
— “Güneºli gämi” ady bir hili. Türkmenistanyò
kartasyna seredip gördüm. Ol Agageldiniò diýmiºi ýaly
Güneºli gämä meòzeº däl-de, bagana meòzeº. “Täjiò
arzuwlary” gaty gowy goºgy. “Çapalan-taparyn” ýaly
agyr rifmalaºýan ýerleri-de bar. Ýygyndy neºirýata
hödürlenmäge mynasyp.
4. Hemra ªirow:
— Agageldi käte sözleri gysgaldýar. Çagalar ony
okap ºeýle ýazylýandyr diýip pikir edýärler. Gysgaltmadan gaça durmaly. Poemalarynda “Atly bolsaò”,
“Ýyldyzyò ýoly” atlylaryny haladym. Ýygyndysy çyksa
oòat boljak.
5. Ýagmyr Pirgulyýew:
— Agageldiniò goºgulary bilen köpden bäri tanyº.
Rus dilinde çykýanlarynam okaýan. Bu toplumda maòa
has ýarany 10 goºgy boldy. “Enemiò äýnegi”, “Meniò
reòklerim”, “Habar beräýiò”, “Tomusda”, “Dorja taý”,
“Ýeke özüm iýmedim-ä”, “Meòzeº oglan”, “Tolkunlaò
güwläp gelýän ýerinde”, “Litwa goºgularyndan”, “Güneºli
335
gämi” bolanok. “Täjiò arzuwlaryna” tebigylyk ýetenok.
“Ýagyº ýagýar” oòat goºgy ýöne ulular üçin “Kiýigokara”
temasy öò ýazylan. “Welnar aga” guraksy. Umuman
goºgulardan bir ýygyndy çykýar.
6. Goºjan Seýitmädow:
— Agageldiniò “Ganatlylar” hakyndaky poemasy
ulular üçin ýaly, ony bu ýygyndydan aýyrmaly.
Ýöne muòa garamazdan, Agageldiniò “Iò oòat pasyl”, “Antanasyò pökgüsi”, “Güýçli at”, “Litwa goºgulary”
ýaly goºgularyny gowy gördüm. “Ýyldyzyò ýoly” atly
poema hakda hem Gurbannazaryò aýdanlaryna goºulýan.
Erbet poema däl. Sözümizi jemläp aýtsak, bu ýygyndy
körpe okyjylara oòat sowgat bolup biler. Özgeleriò
neºirýata hödürlemeli diýen pikirine menem goºulýaryn.
7. Agageldi Allanazarow:
— ªu ýerde aýdylan pikirleriò köpüsi bilen
ylalaºýaryn. Beren peýdaly, degerli maslahatlaryòyz
üçin köp sag boluò.
336
TSSR Ýazyjylar soýuzynyò çagalar
we ýetginjekler seksiýasynyò baºlygy
G. Seýitmädow
Seksiýanyò sekretary
G. Ezizow
“AT GAÝRATA” GALANDA...
Çaga fantaziýasy! Bu täsin dünýäniò aòry çägi
barmyka? Ýokdur. Megerem, ol uçsuz-gyraksyz bolsa
gerek. Iò bärkisi, agaç ýaprajyklaryny göreliò: “Gökjegökje pyntyklar, Örüp barýar erigme”, “Gökje ýapraklaryò aýalarynda”, “Gyrawlap dur mör-möjekden, çekgeleri ýaplaryò”, “Baglar sary ýapragyn, Ýere oklap sanaýar”, “Ýapraklar ýaplarda bir täsin gaýyk”... ªu goºa
dyrnak içine alnan sözlemler Agageldi Allanazarowyò
“At gaýraty” atly kitapçasyna girizilen ºygyrlaryò setirleri bolmaly. Ýaprak ºeýle köp röwüºde, dürli fonda
diòe çaganyò gözüne görnüp biler. Baºgaça aýdanyòda,
awtor adaty ýapragy her pasylda çaga gözi bilen
görmegi, çaga düºünjesine görä suratlandyrmagy
baºarypdyr. Çünki ºeýdeòde, körpejeleri öz sözüòe ynandyrmak, olar bilen ýürekdeº gürleºmek mümkin.
Çagalar edebiýatyna, A. M. Gorkiniò sözleri bilen
aýtsak, “beýik döwlete” gulluk etmek iòòän kyn we
jogapkärli wezipe. Sebäp diýseò körpe nesil üçin eser
döredýän adam diòe bir ºahyr bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuò üstesine mugallym, terbiýeçi hem
bolmaly. Dogry, ol klasa girmeýär, emma sapak geçýär,
döredýän eserleriniò üsti bilen gaýybana sapak geçýär.
Öz okyjylaryna çuòòur bilim we kommunistik terbiýe
bermäge çalyºýar. Soòky döwürlerde türkmen çagalar
poeziýasyna ºu uly wezipäniò hötdesinden gelip biljek
ýaº ºahyrlaryò täze-täze toparlary gelip goºulýar. Ýaº
edebi güýçleriò arasynda Hemra ªirow, Giçgeldi Aºyrow,
337
Kasym Nurbadow ýaly eýýäm öz döredijilik ýollaryny
tapanlar-da Esenguly Amanow, Pirnepes Öwezliýew,
Hojageldi Nurmyradow ýaly irginsiz gözleglerini ºowly
dowam etdirýänler-de, Gulgeldi Hojamämmedow, Guldurdy Sähetdurdyýew ýaly geljegine umyt döredýänler-de bar. Öz sesi, öz döredijilik manerasy bilen beýlekilere meòzemeýän ýaº ºahyrlaryò biri-de A. Allanazarowdyr. Muòa gürrüòi edilýän kitapçany okap çyksaò
hem doly göz ýetirýärsiò.
Ýygyndydaky goºgular hem-de çaklaòja poema kiçi
ýaºly mekdep okuwçylaryna niýetlenipdir. Olaryò aglabasy tebigat hadysalaryna bagyºlanypdyr, ýagny kitapçada peýza goºgulary agdyklyk edýär. Çagalar
üçin ýazylýan goºgularyò adaty peýza lirikasyndan
tapawudy olarda janlandyrma uly orun berilýändigindedir. Janlandyrma ºeýle tipdäki berilýän goºgularyò
özeni — esasy bolup hyzmat edýär, çeper detala öwrülýär. Mysal üçin, awtor “Çabga” atly goºgusyny ºeýle
jemleýär.
Daºarda bizi
Gören mahaly
(Bilmedim kime
Geldi gahary),
Ýagdy ºabyrdap,
Diýdirdi “janly”,
Kowalap geldi
Öýmüze çenli.
338
Aý gezelenje çykypdyr. Bir seretse, janly-jandaryò
bary ukuda. Nätsin-dä? Baºga alaç ýok. “Baºyny goýup
bir baýra. Aýyò özem irkildi”. ªygyr ºu iki setir bilen
gutarýar. ªeýle aýratynlyk ýaº ºahyryò haýwanlar bilen
baglanyºykly döreden ºygyrlarynyò hem köpüsine mahsus.
Ine, ýygyndy bilen adybir goºgynyò soòky iki bendi:
Bir gün iºiò
Böwºän güni
Oglan-gyzlaò
Hemmesini
Aýlapdyr at
Niräk diýse.
Öò söz berdi,
Nätsin eýse.
ªygryò baºynda atyò araba bilen un, arpa, odun
çekenligi aýdylýar, emme onuò bir zat barada çagalara
söz berendigi ýaòzydylmaýar. Bu peýdaly bolupdyr,
goºgynyò finalynyò täsirli çykmagyna getiripdir.
Baºda çaga fantaziýasynyò täsinligini ýatlapdyk.
Ýene ºoòa dolanyp geljek bolýarys. Kimde-kim Günüò
nädip emele gelendigini bilmek islese, “Erkiniò pökgüsi” atly goºgyny okap göräýsin. Erkin atly oglanjygyò
daºarda ýadyndan çykaryp galan pökgüsini ýel alasmana göterip alyp gidýär. Ol pökgi soò Gün bolýar.
ªygryò mazmuny ºundan ybarat. Emma ýokarda agzalan goºgudan tapawutlylykda bu ýerde awtoryò aýtjak
bolýan zady, ündeýän ideýasy iò ilki, birinji bentde
beriýär:
339
Bir oglanjyk
ýaºarmyºyn,
Erkinmiºin onuò ady.
Galýarmyºyn onda-munda
Ele alyp oýnan zady.
Mundan soòky bentlerdäki erteki pisint gürrüòler
körpe okyjyny “Oýnawajy oýnap bolaòsoò, ýygnap goýmaly, çem gelen ýere taºlamaly däl” diýen sözlere
ynandyrmak üçin edilýär. Çünki W. G. Belinskiý
aýtmyºlaýyn, gury moral okap, çaganyò ýüregine düºmeklik
hiç hili peýda bermeýär. ªeýle-de ol çagalarda, haýra
söýgi dörediò, çagalar haýry sylag-serpaý ýa-da öz ºahsy
bähbitleri üçin däl-de, eýsem, haýryò, hut haýyrdygy
üçin söýsünler diýip ýazyjylara sargyt edipdir. “Meniò
dostum ýitdi, dost dagam däldi. Daºarda gemren süòkleri
galdy, Galdy öýi, ýallanan jamy...” ýaly setirleri okap,
ýiten güjügine gynanýan oglanjygyò duýgusyna
düºünýärsiò, gynanjyna goºulýarsyò. Onuò haýry hut
haýyrdygy üçin söýýändigine ynanýarsyò.
Ýygyndydaky gowy goºgularyò hemmesi hakynda
gürrüò etmek mümkin däl. Ol gaty uzaga çekerdi.
Geljekde awtora peýda bolsun maksady bilen kitapçada goýberilen käbir säwlikler hakda aýtmagy weli
borjumyz diýip düºünýäris.
Ilki bilen ºertlilik hakynda. ªertli ýagdaýda çeper
hakykat hökmünde käte real bolmadyk zatlary hem
görkezmek mümkin. Ýöne ol öz çäginden sähelçe çyksa,
derrew ynandyryjylygyny gaçyrýar. ªonuò üçin “Ene340
miò äýnegi” goºgusyndaky “Owsunyp dur ak deòiz,
Baksaò süýtli kersene. Garynjalar taýhary, Düºürip dur
ýadyòa” ýaly setirleri okap, ºygryò ady “Atamyò
dürbüsi”, has dogrusy, “Agamyò teleskopy” bolsa-ha
geliºmän hem durjak däl ekeni diýeniòi duýman galýarsyò.
“Meòzeº oglan”, “Ýeke özüm iýmedim-ä”, “Düºnüksiz
ene”, “Durnuksyz” ýaly goºgular bolsa gönümellikden
halas däl. Olarda ºahyrana oýlanma, çeper detal ýetmezçilik edýär. ªeýle bolanda, eseriò okyja täsir edijilik
güýji gowºaýar.
Kitapçanyò soòunda ýerleºdirilen “Ýyldyzyò ýoly”
atly poemanyò filosofiýasy kiçi mekdep okuwçysy
düºünerden birneme çuò. Eseriò ahyry kosmos uçuºlary
bilen baglanyºdyrylan bolsa, belki, beýle bolmasa-da
bolmazdy.
“At gaýraty” A. Allanazarowyò çagalar üçin döreden ilkinji kitaby däl. Onuò bütinsoýuz okyjysyna
niýetlenip, Moskwada rus dilinde neºir edilen “Çal,
tüýdügim” atly ýygyndysynda ýerleºdirilen goºgulary
çagalar tarapyndan gyzgyn garºylandy, olaryò ürç edip
okaýan eserlerine öwrüldi. Biz geljekde A. Allanazarowyò ºeýle gowy goºgular kitaplary bilen körpe okyjylary begendirip durjakdygyna ynanýarys.
M. SÖÝEGOW,
filologiýa ylymlarynyò kandidaty.
“Ýaº kommunist” gazeti, 7-nji iýul, 1979 ý.
341
“AT GAÝRATYNY” OKAP...
Zehinli ºahyr Agageldi Allanazarowyò Türkmenistan “Magaryf” neºirýaty tarapyndan çapdan çykarylan
“Altyn ºöhle”, Moskwanyò “Malyº” neºirýaty tarapyndan çykarylan “Çal, tüýdügim” atly kitaplary körpe
okyjylary diýseò begendirdi. Golaýda bolsa “Magaryf”
neºirýaty ºahyryò ýene-de täze bir kitaby — “At
gaýratyny” kitap magazinlerine ýaýratdy.
Bir bar eken,
Bir ýok eken,
Bir güýçli at
Ýaºar eken.
Bu setirler ºahyryò kitaby bilen adybir “At gaýraty”
goºgusyndan alyndy. Goºguda körpe nesliò zähmetsöýer, iºeòòir, öz sözünde durýan adamlar bolup ýetiºmekleri
üçin, öwrenere, tälim alara zat köp. ªygyrda halk
döredijiligi ýerlikli peýdalanylypdyr. ªonuò üçin-de goºgy
akgynly okalýar, çeper beýan edilen zat bolsa okyjynyò
ýüregine ýakyn bolýar. Bu ýagdaý ºahyryò diòe bir
goºgusyna däl-de, tutuº kitaba diýen ýaly mahsus.
Enem janyò äýnegi
Haýran eder hemmäni.
Tapsa bolar dakynsaò,
Ýere gaçan iòòäni.
(“Enemiò äýnegi”)
Ýa-da:
342
Baýra ýetdim, hezillik,
Ylgap ýörün jaýtaryp.
Uzak gitse, sürini
Alyp gelýän gaýtaryp.
Laý-la, laý-la, laý-la-laý,
Men kiçijik dorja taý.
(“Dorja taý”)
Dogrudanam, ºahyryò sesi kitapdan kitaba durlanýar. Munuò ºeýledigine kitapdaky goºgulary okap çykanyòda has-da göz ýetirýärsiò. Özboluºly çeper ýazylan goºgular okyjyny biygtyýar yzyna düºürýär. Birde
bahar ýagºynyò ºybyrdysyna diò salyp dursuò (“Ýagyº
ýagýar”), birde gün ýaly sary gawunyò ysyna meýmiräp
(“Sary gawun”), bereketli türkmen sährasynyò içinden
barýarsyò. ªol barºyòa bolsa ýylyò dört paslyny (“Iò
oòat pasyl haýsy?”) baºdan geçirýärsiò. Baharda ýaºyl
baýyrlaryò eteginde kömelek gözläp, mal bakyp gezseò,
tomusda suwa alma oklap oýnaýarsyò, arkaò halta
garpyz-gawun çekýärsiò. Her paslyò-da özüne mahsus
gözelligi bar. Ine, altyn güýzde akja fartuk dakynyp,
akja hanalary ýygýarsyò, gyºda bolsa ak possun geýen
giò gözýetimlere höwes bilen bakýarsyò, buzda taýyp
oýnaýarsyò... “Iò oòat pasyl haýsy?” goºgular toplumynyò ahyrynda bolsa:
Pasyllaryò hersinde
Bolsam-da ýekän-ýekän,
ªindi anyk bilemok,
Iò oòady haýsykan?!
343
— diýip, körpe okyjylara pasyllar barada ýene-de
oýlanmaga, olaryò bilesigelijiligini artdyrmaga itergi
berýär. Kitapdaky goºgularyò terbiýeçilik ähmiýeti diòe
munuò bilen çäklenmeýär. Olarda körpe nesliò estetiki
duýgularynyò ösdürilmegi we terbiýelenmegi üçin ºygry
bezeýän çeper detallar ýerlikli peýdalanylypdyr. Geliò,
mysallara ýüzleneliò.
Goýanok heniz,
Çeker-le daòa.
Baglar gulagny
Deºdirýär oòa.
(“Ýagyº ýagýar”)
Ýene-de:
Ähli haýwan uklansoò,
Kesilensoò jürkildi,
Baºyn goýup bir baýra,
Aýyò özem irkildi.
(“Gezelenje çykan Aý”)
Ýokardaky goºgularda “Baglaryò gulagyny ýagºyò
deºip durmagy”, “ähli zatlary ukladyp”, Aýyò özem
baºyny bir baýra goýup irkilmegi janly kartina ahyryn. Goºguda ulanylýan her bir çeperçilik seriºdesi
mazmuny açyp görkezmekde uly rol oýnaýar. Körpe
nesliò aòynda tebigata bolan söýgini ösdürýär, emosional duýgularyò üsti bilen baýlaºdyrýar. ªeýle bolansoò
zehinli ºahyryò okyjysy kitapdan kitaba artýar.
A. Allanazarowyò döredijiligine mahsus zatlaryò
ýene-de biri, ol hem her bir goºgynyò özboluºly, täze
öwüºgin bilen jemlenmegidir.
344
Kitapdaky “Ýyldyzyò ýoly” poemasy-da özüniò
ýaºajyk okyjylaryny arzuwçyl Ylýas bilen köl ýakasyna getirse gerek. Ine, ýaºajyk Ylýas köle çeòòek atyp,
onuò ýüzündäki petreºip duran ýyldyzlary tutjak bolýar. Olar bilen köl ýakasynda gürleºjek bolýar. Emma
Ýyldyz onuò çeòòegine ilmeýär. Ylýas bolsa olar bilen
oýnamagy ºeýle bir küýseýär. Ine, saòa romantika.
“At gaýratynda” kemçilikler-de ýok däl. Kitapda
“Nurynyò galamy” goºgusy gaýtadan ýerleºdirilipdir.
Dogry, ol “Altyn ºöhledäkiden” bir topbak ardyrylan
görnüºde berlipdir. ªeýle-de bolsa, onuò ýerine baºga
bir goºgy ýerleºdirilen bolsa, awtor üçinem, okyjy üçinem
utuº bolardy.
ªahyr A. Allanazarowyò “At gaýraty” özüniò ýaºajyk
okyjylarynyò göwnünden turar. ªahyr özüniò okyjylaryny ýene-de täze-täze kitaplar bilen begendirer diýen tamamyz bar.
ÝAZJUMA AGAGELDIÝEW,
17/VII-79 ý. “Lenin baýdagy”.
“AT GAÝRATYNY” ZOR GÖRDÜK
Siz taý bolup çapyp barýan oglanjygy göz öòüne
getirip görüò, hemem onuò diýýän sözlerine gulak
asyò:
Laý-la, laý-la, laý-la, laý,
Men kiçijik dorja taý...
Barýan ýoldan çapalap,
Yzda goýup obany.
345
Baýra ýetsem taparyn
Goýun bakýan babany.
Laý-la, laý-la, laý-la, laý,
Men kiçijik dorja taý...
(“Men dorja taý”)
Bu ýerde çaganyò içgi duýgusy-da, onuò özüne
bolan ynamy-da, çaga oýunlarynyò peýdaly iºler bilen
utgaºyºy-da ussatlyk bilen aýdyòlaºdyrylýar. Goºgyny
okap otyrkaò “Laý-la, laý-la, laý-la, laý” diýip ylgap
barýan çaganyò keºbi göz öòünde janlanýar. Hakyky
çaga duýgusy ºeýle-de bolmaly.
Goýun bakýan baba kömekleºmäge dorja taý bolup
ylgap barýan oglanjyk diýseò iºeòòir, ol hemme ýere
ýetiºýär.
Ol oglanjyk diòe bir babasyna, mamasyna kömekleºip
ýörenok, gerek wagty ol dostlary, deò-duºlary bilen
oýnamaga-da wagt tapýar. Bir babasynyò ýanyna, beýleki gün mamasynyò ýanyna alyp barýan ýol, ýene bir
gün ony Marallaryò iºiginden eltýär:
...Gaçdy ýol menden
Öòüme süýnüp.
Ýapa dyrmaºyp,
Pes aºak inip.
Esli gaçansoò,
Ýadady, irdi.
Baryp Marallaò
Öýlerne girdi.
(“Ýol”)
346
Biziò häzirki gürrüòini edýän oglanjygymyz “Magaryf” neºirýaty tarapyndan kiçi ýaºly mekdep okuwçylary üçin niýetlenip çap edilen “At gaýraty” atly
kitabyò awtory Agageldi Allanazarowyò liriki gahrymany. Görnüºi ýaly, ol gahrymanlar mydama hereketde, özlerem diòe haýyr iºiò gözleginde haýyr iºe tarap
ýolda. Olar gözelligi duýmagy-da (“Tolkunlaryò güwläp
gelýän ýerinde”), dynç almagy-da (“At gaýraty”)
baºarýarlar. Iò esasy zat hem olaryò öz pikiri, öz
garaýyºlary bar. Mysal üçin, bir oglanjyk torlan gawuny görüp:
...Wiý, ýogsa-da jigim
Bäºim
ªu atyzda durdy häli.
Çyzandyr ol seò
Daºyòam,
Meò depdermi çyzºy
ýaly —
(“Sary gawun”)
— diýip, özboluºly pikir öwürse, ýene bir ýalta
oglanjyk düºekleri her gün ýygnap ýörmek nämä gerek
diýip, bu baradaky garaýºyny ºeýle ýüze çykarýar.
...Goý, ýatsyn-da, ýatan zat,
Men bu iºe beled-ä.
Ýene düºer garaòky,
Ýatmaly bor ýene-de.
(“Düºnüksiz ene”)
347
Ine-de, biziò ünsümiz “Çabga” atly goºguda eglenýär:
Ýagdy ºabyrdap,
Diýdirdi “janly”.
Kowalap geldi
Öýmüze çenli.
ªeýle ºahyrana synçylyk, poetik ýitigözlülik “Ýagyº
ýagýar” atly goºguda-da bar:
...Baglar gulagny
Deºdirýär oòa!
“Kiçiniò iº bölüniºi”, “Ýeke özüm iýmedim-ä”, “Ogry
piºik näme iýer?”, “Habar beriò!” atly goºgular hem
okyjyda ýakymly täsir galdyrýar. Bu goºgular hem
çaga pikirlerine ýugrulan mylaýym ýumoryò üsti bilen
hakyky çözgüdini tapyp bilýär.
Agageldiniò “Enemiò äýnegi” atly goºgusynda hem
çaga pikiri bar, ýöne logika ýok:
Enem janyò äýnegi
Haýran eder hemmäni.
Tapsa bolar, dakynyp,
Keçä gaçan iòòäni.
Bu äýnegi dakynsam,
Meniò keýpim saz bolar...
Aslynda optiki äýnekler belli bir ölçegde bolup, ol
hem diòe ºol ölçegdäki göze hyzmat etmäge ukyply
ahyry.
348
Biz Agageldiniò “Possunly paraºýutçy” atly dört
bölümden goºgusyny okanymyzda, onuò beýleki kiçi
göwrümli goºgularyndaky ýaly lezzet alyp bilmeýändigimizi boýun almakçy. Possunly paraºýutçy — bu
Miºa atly goòur aýy. Esgerler bilen bilelikde aýy hem
samolýotdan aºak bökýär. Belki, bu awtoryò gözli
ºaýat bolan zadydyr. Gözüò bilen gören zadyòy hem
ºahyrana duýgy eýläp beýan etseò, ol okyja täsir edip
bilmeýär.
A. Allanazarowyò “Ene tokaý hem Pilbasan hakynda ertekisi” bilen “Ýyldyzyò ýoly” poemasy baradada aýdara zat kän. Olarda dostluk, agzybirlik, maksada
okgunlylyk ýaly asylly ideýalar ündelýär. Özem ºol
ideýalar dürli çeperçilik seriºdeleri bilen eýlenen akgynly setirleriò üsti bilen ýüze çykarylýar.
Sözümizi jemläp aýtsak, ýakynda SSSR Ýazyjylar
soýuzynyò çlenligine kabul edilen Agageldi Allanazarowyò “At gaýraty” kitaby çagalara niýetlenilen poetik ýygyndylarynyò iò kämilleriniò biridir.
KASYM NURBADOW,
ªahyr.
“AT GAÝRATY”
Ýaº ºahyr Agageldi Allanazarowyò ady poeziýanyò
ýaºajyk muºdaklaryna öòräkden bäri tanyºdyr. Ýakynda bolsa “Magaryf” neºirýaty onuò “At gaýraty” atly
täze kitabyny çapdan çykardy.
Bu A. Allanazarowyò üçünji kitaby. Diýmek, ol
awtoryò öz okyjylarynyò öòündäki giòiºleýin üçünji
349
hasabaty. Eýsem, ºol hasabat — kitabyò okyjylary
özüne imrikdirip bilºi nähili derejede? Oòa gysgaça
ºowly diýse hem bolardy, ýöne ºol ºowlulyk nirelerde
we nähili ýagdaýda ýüze çykýar?!
Ýygynda 40-a golaý goºgy we “Ýyldyzyò ýoly”
atly poema girizilipdir. Tematiki taýdan aýry-aýry bolan
gogularyò ählisi diýen ýaly biri-biri bilen utgaºykly
gidýär, liriki gahryman bir göwrä öwrülýär. ªol utgaºmak
bolsa ºygyrlaryò ählisiniò diýen ýaly çaga psihologiýasyna beletlik bilen ýazylanlygyndan gelip çykýar.
“Tolkunlaò güwläp gelýän ýerinde”. Ine, kitap ºu
goºgy bilen açylýar. Güwläp gelýän tolkunlar bu ýerde
öz-özünden simwoliki mana eýe bolýar. Awtor ºol
güwläp gelýän tolkunlaryò fonunda çaga psihologiýasyny açmaga ýykgyn edýär. Onuò hut ºeýledigine
goºgynyò:
Tolkunlaò güwläp
Gelýän ýerinde,
ªu suratlary
Görýärin günde —
— diýen jemleýji bendini okanyòda has hem göz
ýetirýärsiò.
Awtor ýygynda girizilen goºgularynyò köpüsinde
gürrüò bermekden gaça durup, çaganyò özi bolup
oýnaýar. Çaga psihologiýasyny awtoryò dilinden dälde, hut çagalaryò oýlanmalarynyò üsti bilen berýär.
“Men dorja taý” diýen goºgy, megerem, kitapda
ýerleºdirilen ºygyrlarynyò iò ºowlularynyò biri bolsa
gerek. Goºgynyò ýazylyº formasy, onuò ritmi gurluºy
350
seni öz-özünden hiòlenmäge, beýleki goºgulardan tapawutlandyryp okamaga mejbur edýär:
Laý-la, laý-la, laý-la, laý.
Men kiçijik, dorja taý.
Barýan ýoldan çapalap,
Yzda goýup obany.
Baýra ýetsem, taparyn
Goýun bakýan babany —
— diýen setirler bilen baºlanýan bu goºguda liriki
gahryman öz taýy bilen ýaz aýlary gezelenje çykýar.
Olar aryny, kebelegi yzda galdyrýarlar. Guºlar bilen
“ýetdim-ýetdim” oýnaýarlar. Gülälekli baýra barýarlar,
çopan babanyò goýunlaryny bakmana kömek edýärler.
Tebigatyò gözellikleriniò goºgynyò ritmine siòip gitmegi, asyl bir siòip gitmegem däl, eýsem, dorja taýyò
hereketleriniò hut ºonuò (tebigatyò) fonunda berilmegi
goºgynyò gymmatyny has-da artdyrýar.
Awtoryò ýygyndysynyò arzysyny artdyrýan ýenede bir zat, awtoryò gysgajyk ertekileriò üstünde
iºleýänligidir. Ýygynda girizilen “Erkiniò pökgüsi”, “Ene
tokaý hem pil basan hakyndaky erteki” diýen ertekiler
muòa mysal bolup biler. Ylaýta-da, “Erkiniò pökgüsi”
diýen ertekiniò ºowly çykandygyny bellemek gerek.
“At gaýraty” goºgular ýygyndysyndaky ºygyrlaryò
liriki gahrymanynyò bütewi bir göwrä öwrülýändigini
baºda ýatlapdyk. ªol utgaºma liriki gahrymanyò edýän
iºi, arzuw-hyýaly boýunça tutuº kitabyò dowamynda
meòzeºligi bilen ýüze çykýar. Çünki liriki gahrymanyò
351
edýän ähli hereketlerini yzarlan wagtyòda, oòa tebigata söýgi, bilesigelijilik, güýjüniò ýetdiginden uly adamlara, ýoldaºlaryna kömek berjek bolmak ýaly häsiýetleriò mahsusdygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu bolsa
goºgularyò terbiýeçilik ähmiýetiniò uludygyna güwä
geçýär.
Baºda belleýºimiz ýaly, awtoryò üçünji kitaby ºowly
çykan kitap. Onda üstünlikler bilen bir hatarda kemçiliklerem bar. Ýygynda girizilen “Aýsenem”, “Durnuksyz”
ýaly goºgularyò çeperçilik derejesi beýleki ºygyrlaryòkydan
pes.
Çagalara niýetlenip ýazylan goºgularyò olaryò dil
baýlygyny ösdürmäge hem ýardam etmelidigi düºnükli
zat. Awtor käwagt käbir sözleri gysgaldyp ulanýar.
Meselem:
Baryp Marallaò
Öýlerne girdi.
(“Ýol”, 9-njy sah.)
— diýen setirlerde “Marallaryò” diýen sözüò “Marallaò”, “öýlerine” sözüò “öýlerne” görnüºinde alnyºy
maòzyòa batmaýar. ªeýle mysallar ýene-de ýok däl.
Elbetde, A. Allanazarow kitapdan kitaba kämilleºýän
awtor. Ýokardaky ýaly nogsanlyklary indiki kitaplarynda göz öòünde tutar diýip umyt edýäris. Sözümizi
jemläp aýdanymyzda, A. Allanazarowyò täze ýygyndysy körpelere tebigata söýgi döretmekde, olary birek-birege hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde
352
mekdebe çenli ýaºly çagalar edaralarynyò terbiýeçiliklerine köp babatda kömek eder diýip tama edýäris.
A. BUGAÝEW
3/VII- 1979 ý. “Mugallymlar gazeti”
“DAGDANAM BEÝIK”
Sen, elbetde, eliòi kölegeledip, ençeme gezek beýik
daga seredip görensiò. Kert gaýaly beýik daglar. Ýogsa-da
sen iò beýik dagdanam belende çykyp bolýandygyny
bilýäòmi? Onda ýol ºaýyòy tut. Seni mähirli, ºadyýan
adam Agageldi Allanazarow ºol ýol bilen alyp gider. Ol
seniò ýaly çagalar üçin goºgy ýazýan ºahyr.
Dagdanam beýik bolmagyò “gizlin syryny” bilýänem
Agageldi Allanazarow. Onuò kiçijik gahrymany
ýadawlykdanam, kynçylykdanam çekinmän, dagyò depesine dyrmaºyp çykýar. Ol dagyò depesine çykansoò,
dagdanam beýik bolup boljakdygyna düºünýär.
Sen, elbetde, bu goºgynyò erjellik, maksadyna ýetmek üçin göreºýän hem-de kynçylygy ýeòýän adama
gelýän güýç hakyndalygyna düºünensiò.
Eger-de seò A. Allanazarowyò Moskwanyò “Çagalar edebiýaty” neºirýatynda ýakynda çapdan çykan
“Wyºe, çem gora” (“Dagdanam beýik”) atly kitabyny
okasaò, dürli häsiýetli çagalar bilen tanºarsyò. Olaryò
ählisi dürli-dürli: “Ýyldyzyò ýoly” poemasyndaky Ylýas her gün agºam köle gelýär. Ol köle ºekili düºýän
ýyldyzlary eline almak isleýär. Elbetde, onuò arzuwyna
ýetmegine erjellik ýardam eder. Beýleki oglanjygyò
353
bolsa çopan kakasyna ºeýle bir kömek beresi gelýär.
Onuò tizräk ulalasy gelýär. Ol ºonuò üçinem kakasynyò
çopan telpegini we ädigini geýýär. Üçünji bir oglanjyk
bolsa özüniò tükeniksiz “näme üçinleri” bilen ululary
irizýär. Oglanjyklar bir zatda biri-birlerine meòzeº: olary
köp zat gyzyklandyrýar, olar arzuwçyl, olar arzuwlaryna ýetmek üçin ilkinji ädimlerini ädýärler.
Saòa gowy sowgat etmäge çalºan adam barada
seniò biraz bilesiò gelýän bolsa gerek. A. Allanazarow
çagalar üçin eýýäm üç kitaby ýazdy: “At gaýraty”
Aºgabatda, “Saýra, meniò tüýdügim” we “Dagdanam
beýik” Moskwada çap edildi. Geljekki ºahyr entek
Moskwada, M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda
okaýarka, “Pionerskaýa prawda” onuò goºgularyny çap
edipdi. Soòra bolsa belli çagalar ýazyjysy Agniýa Lwowna
Barto A. Allanazarowyò ilkinji kitabyny çykarmagy
“Malyº” neºirýatyna maslahat berdi. A. Allanazarowyò
goºgulary Ýakow Akime hem ýarady. Ol ºonuò üçinem
onuò goºgularyny rus diline terjime edip, “Dostumyò
ýanyna howlugýaryn” atly terjimeler kitabyna goºmagy
karar etdi.
Indi bolsa, size bu ºahyr bilen ýene bir duºuºygyò
garaºýandygyny aýtmak galýar. Size “gizlinlikde” aýdaýyn: ol öz powestinden bölegi “Pionerskaýa prawdada” çap etmäge taýýarlaýar.
Ý. PRIHODKO
6/XI- 1979 ý. “Mydam taýýar”
354
“ÝEDI DÄNE”
Agageldi Allanazarowyò “Magaryf” neºirýaty tarapyndan çap edilen “Ýedi däne” ýygyndysy göwrümi
taýdan ol diýen uly däl. Onda dört hekaýa bilen bir
powest ýerleºdirilipdir. “Alabaý” hem “Çöl balladasy”
hekaýalarynda çagalar üçin tanyº haýwanlar hakynda
söz açylýar. Awtor olar hakda öz okyjylary bilen
mesawy gürrüò edýär. “Alabaý” hekaýasynda ol itiò
ulalyºy, çopana kömek berºi, oòa süriniò ýanyndaky
beýleki itleriò garaýyºlary, aýratyn-da, Sarybaýyò gyòyrlyk bilen kabul ediºi ynandyryjylyk bilen suratlandyrylýar.
Ýöne awtor käýerde sözlem näsazlyklaryna ýol beripdir. “Onuò enesi özüniò batyrlygy bilen bu etrabyò
çopanlaryna ýakasyny tanadan itdi” (3-nji sah.). Birinjiden, it sözi itler barada umumy düºünje berýär.
Olaryò hemmesi it diýlip atlandyrylanok. Ýönekeý mysal:
köpek, ganjyk, tazy, güjük we º. m. Ikinjiden, haýwanlaryò jynsy, ýaºy, gurbaty eserde doly kesgitlense, aýratyn
hem ýaº okyjylara hödürlenýän eserde ºeýle edilse,
ýerlikli bolardy. “Ol (Alabaý) ilk-ä geòirgendi, soòundanam nämedir bir zady ýatlap, gaºlaryny çytyp gaharlandy” (8-nji sah.). Elbetde, awtor bu ýerde birneme
öte geçýär. Birinjiden, ol Alabaýy ýatlap, pikirlenip
bilýän jandar ýaly görkezýär, onsoòam gaºlaryny hem
çytdyrýar. Itiò gaºynyò ýokdugyny, gaºyò deregine
gözleriniò üstünde dört-bäº sany uzyn gylyò bardygyny awtor ýadyna salmaly eken. “Maslyga gonan bürgütleri
355
kowalap oýnady” (11-nji sah.) diýen sözlem hem
suratlandyryºdan, hakykatdan daºda. Bürgütler maslyga
gonmaýar, olar gaçyp barýan jandary (towºany ýa
keýigi) penjeleri bilen urup, ganlaryny içýärler. Bu
ýetmezçilikler, elbetde, hekaýanyò umumy äheòine zeper ýetirip duranok, ýöne eserden okyjy dogry düºünje
alsa, ol awtoryò peýdasynadyr. Hekaýalaryò birnäçesinde iºleriò nädogry ulanylan ýerleri bar. Ol “Çöl
balladasy” hekaýasyna hem degiºli: “Iki at birsalym
asmana segreºip, gazap bilen bir-birlerine agyz salºyp
harçaòlaºdylar” (30-njy sah.). Atlar garpyºanynda,
esasan, haýkyrýarlar, kiºòeýärler, ºeýle hem diºleriò
hytyrdysy ýaly hereketleri ýüze çykarýarlar. Biri-biriniò garºysyna duran atlar horguryºyp, hossuldaºyp bilerler, ýöne awtoryò ýzyºy, ýaly “hyòranyºyp” (31-nji
sah.) bilmezler. Hyòranyºmak itlere degiºli. “Çöl balladasy” hem suratlandyrylýan hadysalary boýunça “Alabaý” hekaýasyna ýakyn. It bilen atyò aòly jandara
ýakyn endikleriniò, häsiýetleriniò bardygyndan ugur
alyp, awtor ol haýwanlara, kähalatda, olaryò baºaraýjak
hereketlerindenem öteräk hereket etdirýär. Haýwanlary
pikirlendirmäge çenli baryp ýetmek, elbetde, ýygyndyda o diýen köp bolmasa-da, bar nogsanlyklaryò biri.
Umuman alanyòda welin, hekaýalaryò ikisem çopanlaryò çöldäki alyp barýan tutanýerli iºlerine, haýwanlara, tebigat gözelligine ýaº okyjylarda söýgi döredip
biljek.
Ýygyndydaky ºowly eserleriò biri hem “Goja” hekaýasydyr. Bu hekaýada awtoryò häsiýet döretmekde
356
ºowly ädim ädendigi görünýär. Awtoryò Gurban mergeniò üsti bilen ýaºululara mahsus häsiýeti döredipdir.
“Ýedi däne” powesti esger durmuºyndan söz açýar.
Suratlandyrylýan wakalara awtoryò beletligi duýulýar.
Powestde Anapirenko ýaly wäºi esgerler kyn hem
jogapkärli iºi ýerine ýetirýän desantçylaryò ruhlaryny
göterýär. Beýan ediºdäki özboluºly synçylyk bolsa awtoryò peýdasynadyr.
“Ýedi däne” özünde ýeke bir otly baýyrlary, sazakly alaòlary, çopanlary, sürini, itleri, gelinbaldyr keýikokaralary jemlemän, okyjy üçin has gerekli, çeper
eserlere mahsus hakyky däneleri hem jemleýär.
ÇARY ÝAPAN
14 maý - 1980 ý. “Edebiýat we sungat”
DOK DÄNELER
Zehinli ýazyjymyz Agageldi Allanazarowyò prozasy bilen-de, poeziýasy bilen-de men öòräkden bäri
tanyº. Onuò haýsy eserini okasam-da, onda bir täzeçilligiò, hyjuwyò, kämilleºip gelýän ussatlygyò bardygyny
aòýardym. Onuòam düýp sebäbi, Agageldiniò
durmuºyndan saýlap alan temasyndan öòkülere meòzemezlik, özboluºly ýoda agtarmak ugrunda jany-teni
bilen yhlas edýänligi äºgär duýulýar.
Men bu talantly ýazyjynyò golaýda çap bolup
çykan “Ýedi däne” kitabynda (“Ýedi däne”. “Magaryf”
neºirýaty. Aºgabat, 1979-njy ýyl) ýerleºdirilen eserleri
barada birki agyz öz pikirimi aýtmakçy.
357
Dogry, tutuºlygyna alanymyzda men bu ýygyndyny
haladym. Onuò bu ýygynda girizilen hekaýalary-da,
powesti-de tematikasy jähtden dürli-dürli bolup, hersi
özboluºly bir dünýäni açyp görkezýär.
Awtor “Alabaý” diýen ilkinji hekaýasynda bir çopan itiò ynsan bilen gatnaºygy, ynsana wepalylygy
barada gyzykly gürrüò berýär. Ol hekaýa okyjyda
diýseò oòat täsir galdyrýar. Ýazyjyny gutlamaly tarapynyò
birem onuò sözlemleriniò obrazlylygy hem-de köpsözlülikden gaça durýanlygydyr. Sözümiz guraksy bolmaz
ýaly käbir mysallara ýüzleneliò.
“Çep bykynynda ºapbat ýaly ak ýer del ýama
meòzäp, kelçerip durany üçin, oòa Alabaý diýip at
berdiler” (4-nji sahypa).
Ýa bolmasa ºol hekaýanyò iò soòky jümlesinde
ºeýle diýilýär:
“ªol günden birki gün geçensoò, onuò yzyny yzarlap gelen çopan uruº bolan ýerden Alabaýyò maslygyny tapdy. Onuò ýanynda bolsa bir it pisint, bokurdagy çeýnelen peçkelle möjek diºini çaòsyradyp ýatyrdy...”
(16-njy sahypa).
Ýazyjynyò “Köl ýakasyndaky oba” diýen hekaýasynda ynsanyò ynsana bolan duýgudaºlygy barada
ynandyryjy gürrüò berlip, ol ýeriò özboluºly tebigatam ussatlyk bilen teswirlenilýär. Bu hekaýada maòa
aýratynam, Lýuda atly kiçijik gyzjagazyò uly adamlar bilenem, öz deò-duºlary bilenem gatnaºygy, onuò
özüni alyp barºy gaty ýarady. Onda iò bir gowy zat,
käbir çagalaryò ýapa degmejek fantaziýany, toslama358
lary, ulaltmalary ulanyºy Lýudajygyò häsiýetinde-de
jüpüne düºüpdir. Ynha, Lýudajyk öz boýdaºy Nataºa
ºeýle gürrüò berýär:
“Onsoò ikimiz hol ýerdäki, derýanyòam aòyrsyndaky, tokaýyòam aòyrsyndaky Türkmenistana gideris.
Ol ýerde ºeýle bir yssymyº, ºeýle bir yssymyº. Sebäbi ol
ýeriò Güni hemme obalardaky günlerdenem ulumyº. Ol
ýerde güne gowrulan düýeler, biºen sygyrlar ikiýana
ylgaºyp ýörenmiºler. Kim ajygsa, ºol biºen düýeleriò
etinden azajyk iýse doýýarmyº. Ynanaý, Nataºa!” (2-nji
sahypa).
Ýygyndyda ýerleºdirilen “Çöl balladasy” diýen hekaýada özboluºlygy bilen sende uly täsir galdyrýar. Ondaky
atyò ykbalyna, dogrusy, tüýs ýüregiòden gynanýarsyò.
Asyl, hekaýa ilkinji sözlemlerden baºlap, seni bütinleý
özüne bent edýär. Ynha, ýazyjynyò ussatlyk bilen beýan edýän, obrazy gözüòiò öòünde dikeldip goýmaga,
öz ussatlygyny subut etmäge ýüreginden berlip, “At
toýnagynyò güpürdisini baýyrlaryò süòòi hemmelerden
öò syzdy” (28-nji sahypa). “Çabdara meòzäp, gulaklary
bilen howany gaýçylaýardy” (30-njy sahypa). “Bir
dikleºikde gyr atyò kellesi Çabdarynyò burnundan ik
ýaly gan getirdi. Töwerekdäki gyzyl çog bolup oturan
çigillem gülleri ºundan soò ep-esli köpelen ýaly boldy”
(32-nji sahypa) diýen ýaly çeper eseriò hamyrmaýasy
bolan bu oòat aòlatmalaryna neneòsi guwanmajak! Ine,
hut ºu hili zatlar, meniò pikirimçe, ýazyjynyò kämil
ýola düºendigine doly güwä geçýän aòlatmalar bolsa
gerek.
359
ªonuò ýaly-da salykatly türkmen gojasy barada
gürrüò berilýän “Goja” diýen hekaýa-da özüniò agras
durky bilen, wakanyò içinden yzarlanýanlygy bilen
okyjyda uly täsir galdyrýar. Dogrusy, bu hekaýalary
okap çykanyòdan soò, ºu hili özboluºly ýürekden syzdyrylyp ýazylan hekaýalaryò ýene-de höwrüniò köp bolmagyny arzuw edýärsiò.
Ýazyjynyò bu ýygyndysynda ýerleºdirilen “Ýedi däne”
powestem maòa ýarady. Powestde goºun gullugyna giden
bir türkmen ýigidiniò ykbaly yzarlanylýar. Powesti okanyòda ol ýigidiò sadalygy, ºonuò ýaly-da tutanýerliligi,
yhlas bilen gulluk ediºi, ýoldaºlarynyò hem-de komandirleriniò ýanynda uly hormatdan peýdalanyºy gaty
ynandyryjy beýan edilýär. Onsoòam bu powestde-de,
hekaýalarda bolºy ýaly köpsözlülikden gaça durmak, her
bir sözi-sözlemi obrazlylyga ýugurmak endigi hasam
ösen derejede görünýär. Ýagny ýazyjy 45-nji sahypada
“Garºy kenardaky etegini ýokaryk çeken ýolka agaçlary
suwa girip geçmek hyýalyna münen baldyrlak gyzlary
ýadyòa salyp, süýji-süýji hyýallara münmegiòe sebäp
bolýardy” diýmek bilen, ºol ýeriò gözel tebigatyny ussatlyk bilen teswirlese, ºol ýigidiò özüne berlen rugsat
hatyny niresine salanyny bilmän, patrullardan gaçyp,
gabat gelen öýe sümlen mahaly ºol öýüò gyzy bilen
ikiçäk oturyºyny ºeýle suratlandyrýar: “Men bu giòiº,
tämiz jaýda az-kem oturamsoò ynjaldym. Açyk penjireden jaýyò içine girýän sergin ºemal bu gyzyò saçlarynyò
arasyndan süzülip geçýärdi-de, haýsydyr bir ajaýyp gülüò
360
burk urýan ysyny meniò burnuma getirýärdi” (48-nji
sahypa).
Ýene-de käbir mysallar:
Ýazyjy “Gar ýagyp dur. Aldajy sowuk” diýip,
gönümellige ýol berenok-da, ol howanyò keºbini ussatlyk bilen ºeýleräk çekýär: “Töweregi buzly gysymyna
gysan sowuk awuly diºleri bilen gulaklary, burunlary
güjügiò telpek oýnaýºy ýaly çekeläp oýnaýardy”. (56-njy
sahypa).
Ýa-da ýazyjy: “Meniò göwnüme bolmasa, ol häzir
öz bogazyndan çykan mylaýym gülküsini kowalap
barýan ýaly bolup duýulýardy”. (65-nji sahypa) diýmek
bilen, prozany ºahyrana pikir bilen baýlaºdyrýar.
Ýazyjynyò ýene bir gutlamaly zady, onuò ynsan
duýgusy tebigatyò duýgusyny sazlaºdyryp alyp gitmegidir. Ynha, ol kitabyò 65-nji sahypasynda ºol diýýän
pikirimizi tassyklap, ºeýle diýýär:
— Sizi nähili eý görýän, eziz soldatlarym... T a n ý a
ºu sözleri has güýçli urmaga baºlan ýüregimiò ýanynda
pyºyrdady. Tokaý agaçlary bolsa düºnüksiz serediºip,
baºlaryny yralaºýardylar”.
Meniò pikirimçe, bu aòlatmalar hiç hili düºündiriºe
mätäç bolmasalar gerek.
Umuman, pikirimizi jemläp aýdanymyzda, bu “Ýedi
dänäniò” dok dänelerdigini, harpykly däneler däldigini
nygtap geçesimiz gelýär. ªeýle hem bu hyjuwly ýazyja
ýene-de täze-täze döredijilik üstünliklerini tüýs
ýüregimizden arzuw edesimiz gelýär.
361
Ýöne sözümiziò soòragynda, “Ýa demrinden, ýa kömründen” diýliºi ýaly, awtor gözden sypdyraýanynda-da
redaktoryò hökman düzedäýmeli zatlary ýogam däl.
Ýöne bu diýjek bolýan owunjak, emma hökman
düzediläýmeli kemçiliklerimiz eseriò tutuº durkuna zeper ýetirip durmasa-da, ºeýle yhlas siòdirilen eserlerde
ºo hili owunjak kemçilikleriòem bolmazlygyny isleýärsiò. Dogrusy, ol kemçilikler lapyòy keç etmänem duranok. Sözümizi tassyklamak üçin, käbir mysallara ýüzleneliò.
Kitabyò 21-nji sahypasynda: “Çep tarapdan ötegçi
gäminiò ýoòtar sesi eºidildi” diýilýär. ªondaky “ýoòtar”
sözüne derek “zoòtar” diýlen bolsa has oòat bolardy.
50-nji sahypada hem: “Gulagyma ýene-de polkumyz
tarapdan bir perdeden gopýan ädikli aýaklaryò
tarpyldysy eºidilip baºlandy” diýilýär. Göwnüòe bolmasa, ºu sözlemdäki “bir perdeden gopýan” diýen
aòlatma ýerinde däl ýaly.
Onsoòam 67-nji sahypada: “Bir sümmüli alyp, aýama salyp owkalamsoò, pahallary üfleºdirdim...” diýlen
sözlem bar. ªonda “pahal” sözi ýerinde ulanylmandyr.
Pahal biziò düºüniºimize görä, gowaçanyò çöpi, iò
bolmanynda bugdaýyò sypaly bolmaly. Ol ýerde “pahal” sözüne derek “harpyk” diýip alnan bolsa has
gowy bolardy.
Galyberse-de, eger eserdäki sözlemler “hem-de” ýa-da
“haçanda” diýen sözler bilen (22 we 36-njy sahypalar)
baºlanýan bolsa, oòa awtoryò hut özi berin razy bolup
362
bilermikä? Razy bolmasa gerek. Ýöne bu kitapda gynansak-da ºeýle ýagdaý bar.
Dogry, bu görkezilen kemçilikler ujypsyzragam. Bolsada, umyt bildirilýän ýazyjyda ºu hili owunjak kemçilikleriòem bolmazlygyny isleýärsiò.
Sözümiziò ahyrynda-da, ºu hili dok däneleriò
höwrüniò köp bolup olaryò ºineläp, ese-boýa galyp,
bütin iliò gözüni dokundyrmagyny tüýs ýürekden isleýäris.
GOªJAN SEÝITMÄDOW,
Ýazyjy.
GÖWRÜMI ÝETEN DÄNELER
Soòky ýyllarda türkmen sowet edebiýatynyò hataryna ýaºlaryò uly tapgyry gelip gowuºdy. Bu ýaºlar
edebiýat meýdanynda öz seslerini açyk beýan etmegi
baºardylar. ªeýle zehinli ýaºlaryò biri hem Agageldi
Allanazarowdyr. Esasan çagalaryò durmuºyndan ýazmaga ýykgyn edýän bu ýaº awtoryò edebi döredijilik
iºinde has öndümli iºleýändigine onuò soòky ýyllarda
merkezi hem-de respublikan neºirlerde çap edilýän kitaplarynyò sanynyò barha artmagy we döwürleýin metbugatda awtoryò hekaýalarydyr goºgularynyò yzygiderli
çap edilip durulmagy hem güwä geçýän bolsa gerek.
Ýaòy-ýakynda hem bu zehinli awtor ýaºajyk okyjylaryny “Ýedi däne” atly kitapçasy bilen begendirdi. Oòa
dört hekaýa, bir powest girizilipdir. Ýygyndynyò ýaºlara
niýetlenilendigine garamazdan, ondaky hekaýalaryò ideýa
363
— mazmuny durmuºyò çylºyrymly hem-de wajyp meselelerini öz içine alýar. Iki hekaýa (“Alabaý” we “Çöl
balladasy”) haýwanlaryò durmuºyndan ýazylan. Olaryò
birinde Alabaý diýen it hakynda, beýlekisi bolsa Çawdary diýen at hakynda gürrüò edilýär. Hekaýalaryò
ikisinde-de öý haýwanlary — olaryò okyjylar köpçüliginiò agramly bölegine heniz tanyº bolmadyk häsiýetleriò
açylyp görkezilmegi bilen birlikde, bu haýwanlaryò
adamlara getirýän peýdasy hakynda gürrüò edilýär.
Ýene-de özleriniò duýgurlygy bilen adamlara ýakyn
durýan bu haýwanlaryò obrazlarynyò üsti bilen awtor
durmuºyò ýowuz hakykatlaryny töwerekleýin beýan
etmäge dalaº edýär. It adama oòat, wepaly ýoldaº. Ýöne
ºol wepaly ýoldaºy gazanmak üçin ynsanyò öòünde
birnäçe wezipeler durýar. Ýagny, goý, ol it bolsun, ilki
bilen ony söýmeli, häsiýetlerini öwrenmeli, olaryò ýaºamagy
hakynda alada etmeli. ªonda it adama hakyky ýoldaº
hökmünde iò soòky demine çenli hyzmat edýär.
Netijede, Alabaý örän akylly it bolup ýetiºýär. Muny
çolugyò perwaýsyzlygy zerarly, agyr sürini Alabaýyò
uly howpdan gutarýanlygyny beýan edýän epizodlar
tassyklaýar. “Indi süriniò yzynda Alabaýyò bir özi
galdy. Alabaý gapdaldan ylgap süriniò öòüne geçdi,
öòden gelýän boýny jaòly serkäniò üstüne üýrüp, ony
saklajak boldy” (Sah. 14). Ikinji bir tarapdan
çemeleºenimizde, hekaýalaryò ikisinde-de haýwanlaryò
obrazynyò aòyrsynda çylºyrymly durmuº wakalarynyò
ýatandygyny, ol wakalara awtoryò polo itel çözgütleri
tapýandygyny bellemek gerek. Ine, Alabaý öz ýalòyºy
364
zerarly iýen duzuna kast etmeli bolýar. Emma haýwanam bolsa eden ýalòyºyny düzetmek üçin öz wy danynyò
öòünde ölümini orta goýmak bilen jogap bermeli bolýar.
Eýsem, ºeýle ýagdaýlar, ykballar adamlar arasynda barmy?
Hawa, diýip jogap berse bolar. Hatda ynsan durmuºynda
gabat gelýän ºuòa meòzeº wakalary beýan edýän çeper
eserleriò birnäçesiniò bardygyny ºu ýerde ýatlasak artykmaçlyk etmese gerek. A. Allanazarowyò Çawdary
(“Çöl balladasy”) diýen aty hem geò ykbally atlaryò
biri. Ol heniz taýçanak wagtyndan baºlap, öz mertebesini beýik saklaýar. Emma haçanda güýçden galyp,
özüniò elmydama aýdanyny etdirýän sürüsiniò öòünde
mertebesi peselip, masgara bolansoò, ol indiki ýaºaýºyò
manysy ýok diýip düºünýär. “Toparyò öòünde duran
garry baýtalyò gözi gepläýjek-gepläýjek boldy. Ol baýtal Çawdarynyò ýaºlygynyòam, güýjüniòem ºaýadydy.
Çawdary onuò öòünde hiç mahal ºeýle masgara bolup
görmändi. Ol ýeòildi. Mertebe peseldi. Indi onuò süòòünden
dörän sürä serdarlyk etmäge hem haky ýok”. (Sah. 32).
Hekaýalarda ady agzalan haýwanlaryò ºeýle “aòlydüºünjeli” edilip görkezilmegi dogrumyka? Bu soraga
jogap bermek asla kyn däl. Sebäbi haýwanlaryò obrazlaryna dürli öwüºgin, aýratyn bir saldamlylyk siòdirmek
we ºonuò üsti bilen adam häsiýetleriniò açylyp görkezilmegi ýaly priýomlar A. Allanazarowdan ozal hem
klassyk we sowet edebiýatynda bar zat. “Goja” hekaýasy hem özüniò ideýa taýdan sagdynlygy bilen tapawutlanýar. Hekaýada ynsan ömrüniò manysy we awçylyk
senedi barada mesele gozgalýar. Ýene-de bu hekaýada
365
çöl haýwanlarynyò aýratynlyklary sada dilde oòat beýan edilýär.
Ýygynda girizilen “Ýedi däne” powesti temasynyò
aktuallygy bilen okyjynyò ünsüni özüne çekýär. Esger
durmuºy, onuò gyzyklylygy, özboluºlylygy barada powestde köp zat aýdylýar.
Gulluk döwründe duº gelýän kynçylyklar hem-de
ol kynçylyklary ýeòip geçmek üçin möhüm terbiýeçilik
ähmiýetli wakalara powestiò örän baýdygyna göz ýetirmek bolýar. Her bir sowet adamsynda ýokary derejede watançylyk hem-de ahlak düºünjeleriniò bardygyny powestiò baº gahrymany hökmünde çykyº edýän
Nurynyò gözüne tankyò zynjyryndan göterilen laý
bölejiginiò düºmegi bilen bagly suratlandyrylýan wakalar
gürrüò berýär.
Bir-iki agyz gürrüò kitabyò dili hakynda. Çeper dil
ýazyjynyò möhüm ýaragydyr. ªuòa düºünýän awtoryò
kitapçanyò diliniò ºireli, akgynly bolmagy ugrunda köp
zähmet çekenligi görünýär. Ýerlikli ulanylan obrazly
meòzetmeler kitabyò diliniò has-da çeper bolmagyna
oòaýly täsir edýär. Meselem: “Kesesinden Alabaý häzir,
mamasy bilen goòºy oba bir ýere toýa barýan oglanjyga meòzeýärdi”. (Sah. 9).
“Tirkeº-tirkeº bolup barýan balykçy gaýyklary bir
süri it goºulan sanýalary ýadyòa salýardy.” (Sah. 26).
“Häzir men özüme dikilen bu gözleriò garºysynda
eräp duran buz tümmegi ýaly bir zatdym.” (Sah. 47).
ªeýle üstünlikler bilen bir hatarda kitapça barada
kiçijik bellik hem aýtmakçy. Ýygyndy, esasan, ýaºlara,
366
niýetlenen. Emma muòa garamazdan, bary-ýogy 70
sahypalyk kitapçada 60-a golaý orfografik we punktuasion ýalòyºlar bar. ªular ýaly maýdaja kemçilikler
hem göz öòünde tutulan bolsa, kitabyò okyjylar köpçüligine edýän täsiriniò has-da uly bolmagyna ýardam ederdi. Sözümiziò ahyrynda awtoryò ºular ýaly ilhalar
eserleri köp döretmeginde uly üstünlikler arzuw edýäris.
ROZY AKMYRADOW
3 iýun - 1980 ý. “Täze durmuº”
DURMUªYNYÒ ÇEPER BEÝANY
Agageldi Allanazarow, köplenç, çagalar hakynda
ýazýar. Bu ugurdan ol indi körpe okyjylara özüni
tanatmaga ýetiºdi.
“Ýedi däne” powesti ýaº ýazyjynyò prozada ilkinji
synanyºygy. ªeýle-de bolsa bu esere mahsus bolan
ýönekeýlik, özboluºlulyk duýulýar. Powest özüne ýedi
sany nowellany birleºdirip, bütewi bir formany emele
getiripdir.
Sowet soldatynyò ºu günki durmuºyny açyp görkezýän
bu eser, birinji nobatda, dil babatda belli derejede
üstünlik gazanypdyr.
Powestiò baº gahrymany desantçylyk bölüminde
gulluk edýän Nury.
“Ilkinji uwolneniýe” diýen nowellada okyjyny Pribaltikanyò adamlary, gözel tebigaty sowet esgeriniò üsti
bilen tanyº edilýär. Eserde ýiti bir konflikt ýok bolsa-da,
esgeriò durmuºy berk proza ritmine eýerdilip, para367
hatçylykly zähmet çekýän sowet adamlarynyò iºleriniò,
arzuw-islegleriniò bir bölegi bolup örboýuna galýar. Birinji nowella ýönekeý ekspozisiýa bilen baºlanýar. Nury
uwolneniýä çykyp ºäheri, derýany synlaýar. Ýolda patrullara duºýar, birsalymdan jübülerini barlap, uwolnitelniý
kagyzyny ýitirenligini duýup galýar. Daºyndan göräýmäge
bu ýerde üýtgeºik hadysa hem ýok ýaly. Ýöne harby
durmuºda, esger durmuºynda her sagat, her minut hasaply.
Nury ýönekeý bir esger däl. Ol öz gulluk edýän
ülkesini ºahyr gözi bilen görýär. Nury ol ülkäni çäksiz
söýýär. Özüni gurºap alýan töwerek bilen, adamlar
bilen ysnyºýar. Bu bolsa sowet esgeriniò hakyky borjuny, ýüzüni açyp görkezýär. Nury üçin Garagum
ºeýle gözel, mährem görünse, Pribaltikanyò gür baglyga bürenip oturan bir ºäherjigini, salkyn suwly
daºly derýajygyny, derýanyò gyrasyndaky ýolka
agaçlaryny hem edil öz dogduk mekany bilen deò
derejede söýýändigini eseri okaýan wagtyò duýmak
bolýar. Nury dury suwly, kenary gyrymsy otly Nemany synlap, oglanlykdan tanyº Murgaby bilen
deòeºdirýär. Bu bolsa sowet esgeriniò ruhy, bitewi,
internasional terbiýesiniò simwolyna öwrülýär.
“Ýer, asman, ýer” nowellasynda awtor gös-göni esger durmuºyna ýüzlenýär. Nowellada hemiºe ºadyýan,
wäºi Anaprenko bilen tanyº bolýarys. Aklyna jür Petýa
Bobokiniò özüne laýyk gylyk-häsiýetine syn edýäris.
Bu obrazlaryò hersine awtor ýeterlik üns beripdir.
Desantçy esgerleriò jogapkärli, kyn, ýöne mukaddes
368
wahtada durup, Watan öòündäki gra danlyk borçlaryny
abraý bilen ýerine ýetiriºlerini çeper delillendirýär.
“Ýoly kesen ses” nowellasynda esgerler kolhozyò
batga batan sygryny wagtyò çäklidigine garamazdan
halas edýärler. Nowella örän gysga. Az sözli. Ýöne
waka beýleki nowellalar bilen berk baglanyºykda, powestiò umumy dinamikasyna sepleºip gidýär. Awtor
sowet adamlary bilen esgerleriò arzuw-islegleriniò, umumy
bähbitleriniò organiki baglanyºykdadygyny çeper detallaryò üsti bilen okyja hödürleýär.
Powestde kompozision bütewilik, berk proza ritmi
baºdan aýaga saklanypdyr. Ýaýbaòlanýan wakalaryò
hemmesi türkmen ýigidi Nurynyò üsti bilen berilýär.
ªu jähtden powestiò kompozision gurluºy barada durlup geçilse oòaýly bolar.
Nowellalar baºaºa berilýär: “Ýoly kesen ses”, “Iò
kelte gije”, “Çogly gün” nowellalarynda esgerleriò parahat
okuwy, zähmet adamlary bilen gatnaºyklary, süýt ýaly
aýdyò, parahat dem alýan Pribaltikanyò asmany ýene
söweºjeò wahta bilen çalyºýar. Parahat durmuºyò
söweºjeò wahta bilen baºaºa berilmegi powestiò emosional täsirini artdyrýar, kompozision kotrasta
baýlaºdyrýar.
Eserde birinji ýa-da ikinji derejeli gahryman ýok.
Türkmen ýigidi Nury-da, wäºi Anoprenko-da, agras
Petýa Bobokin-de, Miºa-da ruhy dünýäleri boýunça
meòzeº. Olar esger-desantçylar. Bähbitleri Watan öòündäki
mukaddes borjy berjaý etmek. Beýle diýildigi awtor
gahrymanlaryò hemmesini bir reòke boýapdyr diýildigi
369
däl. Ýok, her esger beretkasynyò astynda bir dünýä
ýatyr. Nuryny uzak Pendi sährasyndaky gelni, towuklary,
“mykga ber” diýip kowalap ýören jigisi Ylýas gyzyklandyrsa, Miºa rus obasynda garry ejesi garaºýar.
Powestde ýene bir bellemeli zat — dil. Prozaçynyò
çeper dili. Dil babatda awtor belli derejede öz ýüzüni,
dünýäni özboluºly duýuºyny, original döredijilik aýratynlygyny görkezmäge çalºypdyr. Baºdan belleºimiz ýaly,
powest ýönekeý ºahyrana dil bilen beýan edilýär.
Görºümiz ýaly eser boýdan baºa ºahyrana meòzetmelere, poetiki baºlangyja baý. Guraksy, natural sözlemlerden halas.
Liriki proza soòky ýyllarda türkmen sowet edebi
durmuºymyzda giòden ornaºýar. Prozada ºeýle usul
awtoryò döredijilik fantaziýasyna has-da oòaýly täsir
edýär. Ýazyjynyò indiwidual-döredijilik pikirlenmesiniò
edebi forma girmegine giòiº ýol açýar.
Agageldi köp iºleýär, gözleýär. Ady agzalan eser
hem ºol gözlegleriò netijesi. Elbetde, powestde käbir
bärden gaýtmalaryò, içki logiki ösüºiò kemter ýerleri
ýok däl. Ýöne uºak kemçilikler eseriò umumy durkuna
zeper ýetirip bilenok.
ÇARY AªYROW
Moskwanyò edebiýat institutynyò studenti.
Aprel-maý - 1978 ý. “Esger”
KÄMILLIK ÝOLUNDA
Türkmen sowet edebiýaty zehinli prozaçylaryò hem-de ºahyrlaryò hasabyna barha we barha baýlaºýar.
370
Hut düýnüò özem ýaº awtor hasaplanan ºahyrlar,
prozaçylar bu günki günde kämillik ýoluna düºdüler.
Edebiýat ummanynyò ºol kämillik ýoluna düºüp, indi
bu ýolda ynamly we batyrgaý gadam urýanlaryò biri
hem zehinli prozaçy we ºahyr Agageldi Allanazarowdyr.
Öz eserleri bilen turuwbaºdan okyjylaryò göwnünden
turup ugran A. Allanazarow bu günki günde ençeme
goºgudyr poemanyò, hekaýadyr powestiò awtory hökmünde giòden tanalýar. Aýratyn hem onuò çagalar
üçin niýetläp ýazýan eserleri körpeleriò çuòòur söýgüsine
eýe bolýar. Munuò hut ºeýledigini ýazyjynyò kitaplaryna ýazylan edebi synlar hem görkezýär. Onuò eserleri köplenç, polo itel baha mynasyp bolýar.
ªu ýerde bir zady belläp geçmek hem mümkin.
A. Allanazarow soýuz arenasyna çykan awtor. Onuò kiçi
ýaºly çagalar üçin niýetläp ýazan goºgulary Moskwanyò
“Detskaýa literatura” neºirýaty tarapyndan “Dagdanam
beýik” ady bilen özbaºdak kitap edilip, bütinsoýuz okyja ýetirildi. Ine, hut ºol kitaba hem “Detskaýa literatura”
urnalynyò 1980-nji ýylyò noýabr aýyndaky sanynda A. Allanazarowyò ýokarda ady agzalan kitabyna
oòat baha berýän edebi syn hem çap edildi. P. Feºenko
tarapyndan ýazylan ºol synda ºeýle diýilýär: “Agageldi
Allanazarowyò bütinsoýuz okyjysy bilen ilkinji duºuºygy
üstünlikli geçdi diýip aýdyp bolar”.
Ildeºimiziò eserlerine bütinsoýuz edebi tankydy
tarapyn-dan ºeýle gowy baha berilmegi, elbetde, biziò
üçin guwançly ýagdaýdyr. Ýaòy-ýakynda bolsa körpe
okyjy ºahyrdan ýene bir sowgat kabul etdi. “Magaryf”
371
neºirýaty ºahyryò soòky ýazan goºgularynyò iò gowularyny we “Ganatlylar” poemasyny, “Köºek bilen ala
top” atly erteki — poemasyny özbaºdak kitap edip
çykardy. Orta we uly ýaºly mekdep okuwçylary üçin
niýetlenilip çap edilen bu kitapçany doly okap çykanyòdan soò, onuò okyjylaryò hakyky dostuna öwrüljekdigine göz ýetirýärsiò. Çünki onda ýerleºdirilen eserler obrazly meòzetmelere, ºahyrana söz oýnatmalara,
çeper detallara baýdygy, pessaý ýumora ýugrulandygy
bilen bada--bat ünsüòi özüne çekýär.
Sözümiziò gury bolmazlygy üçin mysallara ýüzleneliò. Kitapçanyò ilkinji sahypasynda “Uly ýoluò üstünde”
atly goºgy ýerleºdirilipdir. Onuò liriki gahrymany romantik häsiýetli oglanjyk. Ine, ºol liriki gahryman ir
säher bilen uly ýoluò gyrasynda durup ötegçileri synlaýar. Ýoldan bolsa dürli hünärdäki adamlar geçip dur.
Geçip gitdi traktorçy,
Ýagly geýim — öòki tüýsi.
ªonda howa birazajyk
Ýaýrap gitdi ýagyò ysy.
Bu daýzanam tanaýan men,
Geçýär ýoldan günde-günde.
Süýtçi daýzaò ak halady
Bu gün onuò goltugynda.
Düýe çopan geçen wagty
Oòa golum buladym men.
Bir gowuja köºejigi
Özüm üçin diledim men...
372
Ýokarda belleýºimiz ýaly, ýoldan dürli kärli adamlar geçip dur. Olaryò her biri liriki gahrymanda bir hili
ýakymly täsir galdyrýar. Hut ºonuò özi hem körpe
gahrymanyò özi hakynda oýlanmagyna täsir edýär.
Hatda ol ºol ýoldan özüni hem ir bilen iºe geçip
barýan hasaplap, keseden özüni özi hyýalynda synlap
hem görýär. Ine, ºahyr bu ýagdaýy ºygryò soòunda
ºeýle suratlandyrýar:
Indem ýoldan eºeklije
Hyýalymda özüm ötdüm.
— Suwçy barýar, suw
tutmaga...
Özüm hakda pikir etdim,
Gapdalymdan geçip
gitdim.
Kitapda “Kiçijik esger hakynda ýatlama” atly gowy
goºgy bar. Kalbyòda guwanç duýgusyny döredýän bu
goºguda ºahyr on dört ýaºlyja körpe soldatyò gyzyl
esgerlere kömek berºini çeperçilik bilen suratlandyrýar.
Körpe okyjy baryp gra danlyk urºy döwründäki
ýaºytdaºyna guwanýar. Ýöne hemmeleriò guwanjy ºol
körpe esger jeòde wepat bolýar.
...Ýatyr näzik göwre
Bulaºyp gana.
Aty jylaw süýräp,
Çapýar her ýana.
Artdy Garagumda
Ýene bir tümmek.
Bu ajy hakykat...
Bolanok dymmak.
373
At çapýar, at çapýar
Biziò otrýad.
Hemmäò ýüreginde
ªol körpe soldat.
Bu ºygry okamak bilen okyjy bir tarapdan, ºol
körpe soldatyò edermenligine guwansa, ikinji tarapdan,
ºeýle gahrymanlar hakynda dymmaly däldigine, olar
hakynda hemmeleriò bilmelidigine göz ýetirýär, onuò
gahrymançylygyna geljek nesillere hem ýetirmek duýgusyna gaplanýar. ªunuò özi hem eseriò terbiýeçilik
ähmiýetine eýedigini görkezýär.
Agageldi Allanazarowyò liriki gahrymanynyò romantik häsiýetlidigini ýokarda belläpdik. ªonuò üstüne
ol gahrymanyò iºeòòirdigini hem goºmak gerek. Munuò ºeýledigine kitapçadaky ençeme goºgy güwä geçýär.
ªolardan biri hem “Indi ºagal gelse eger” atly goºgudyr.
Bu goºgynyò liriki gahrymanynyò hereketlerini synlanyòda onuò ulalanda, dogrudan hem, iºeòòir adam
bolup ýetiºjekdigine ynanýarsyò. Geliò, ºol kiçijik goºgyny
bile okap göreliò.
Joýa gazyp, gawun ekip,
Oýlandym soò oòa bakyp.
ªagal gelse gije dagy,
Gawunlary gören çagy
Parça-parça edäýmezmi?
Guma garyp gidäýmezmi?
Mümkin, ºeýle bolaýmagy,
Ysyn alsa geläýmegi.
374
Ussa boldum bilim guºap,
Haýat saldym palçyk daºap.
Indi ºagal gelse eger,
Geçip bilmez eger-eger.
ªeýle häsiýetli liriki gahrymana ýygyndyda
ýerleºdirilen “Meniò arzuwym”, “Taýhar”, “Beýik men”,
“Jemal mamaò neberesi” we beýleki ençeme goºgulary
mysal getirmek bolar. Elbetde, bu ýerde gep ºeýle
mysalyò diòe bir köplüginde hem däl. Gep ºol goºgularyò
ilhalar eserlere öwrülýändiklerinde.
Ýygyndyda “Litwa goºgulary” ady bilen hem birnäçe
goºgy ýerleºdirilipdir. Ol goºgularda elmydama güle
bürenip oturan litwa topragynyò peýza yna, demir
çüòkli daºdeºene, “ýüò balakly” belkajyklara hem duºmak
bolýar. ªol goºgular toparynda aýratyn hem litwa
ertekisi esasynda ýazylan “Kän aglady bir piºik” atly
goºgy ýokary çeperçilik derejede çykypdyr.
Biziò bilºimiz ýaly, piºik çagalarynyò gözi dogandan esli wagt soò açylýar. Bu goºgudaky ene piºik
bolsa muny bilmeýär. Çagajyklarynyò kör haldadygyna aglaýar:
Gür tokaýlar eºitdi,
Gök ýapraklar diòledi.
Kän aglady bir piºik,
Diòer ýerde diòmedi.
Serçelerdir torgaýlar,
Gelip iki-ýekeden.
“Maw-mawlaýan” piºige
Seretdiler depeden.
375
Piºik ºindem aglaýar:
— Meò maòlaýym ºor eken.
Üç çagajyk dogurdym,
Üçüjigem kör eken...
ªeýle ºahyrana oýlanmalara ýugrulan goºgular
A. Allanazarowyò galamynyò barha ýitelýändigini, okyjylaryò hakyky dostuna öwrülýändigini görkezýär. Munuò ºeýledigi ýygyndyda ýerleºdirilen “Ganatlylar”
poemasyny we “Köºek bilen ala top” atly ertekipoemany okanyòda-da aýdyò bolýar. ªu aýdylanlaryò
üstüne A. Allanazarowyò öndümli iºleýändigini, irginsiz
gözlegdedigini-de goºsaò, onuò geljekde käbir ownuk
säwliklerden-de saplanyp, okyjylary has hem gowy
eserler bilen begendirjekdigine ynansa bolar.
HOJABERDI ÇARYÝEW
11-nji fewral-1981 ý.
DURMUª HAKYKATYNYÒ BEÝANY
Agageldi Allanazarow özüniò ºowly eserleri bilen
okyjylar tarapyndan ykrar edilen awtor. Onuò galamy
poeziýada-da ynamly iºleýär. Golaýda “Magaryf”
neºirýaty A. Allanazarowyò “Pilotkaly gyz” ady bilen
goºgular ýygyndysyny, “Türkmenistan” neºirýaty bolsa
“Iner ýüki” ady bilen powestini hem-de hekaýalaryny
çapdan çykardy.
“Iner ýüki” powesti okap çykandan soò, ºahyr
B. Hudaýnazarowyò aºakdaky setirleri ýadyòa düºýär.
376
Biz ºol agºam ýaºdyk,
Daòdan ulaldyk.
Ine, ºuòa bolsa gudrat
diýerler.
Gudrata ynanman
gudrat bolduòyz,
Gögelekä göz görkezen
inerler.
Munuò sebäbi urºuò baºlanmagy bilen agzalan powestiò heniz çagalykdan saýlanmadyk gahrymany Ýazlynyò ejizje gerdenine gol doly maºgalanyò ähli aladasynyò düºýänligi bolsa gerek. Nägehan uruº Ýazly
ýaly ýüzlerçe oglanyò çagalygyny “ogurlap”, deregine
gaýgy-hasrat, agyr zähmet hödürläpdi. Olara tylda
kakalarynyò, agalarynyò ornuny eýelemäge, “gögelekä
göz görkezmäge” mejbur edipdi.
“... Jigileriòe, gelnejeleriòe göz-gulak bol, inim.
Tüweleme on üç, on dört ýaºapsyò, indi senem oglan-oglanjyk däl” (sah. 6). Bu sözler bir öýden “urºa”
diýip çykan dördünji adamyò — agasy Nurlynyò
Ýazla ýüzlenip aýdan sözleri.
Üç agasy bilen kakasy urºa giden Ýazly aktiw
durmuº pozisiýasyny eýeleýär. Ol dartgynly durmuº
wakalarynyò içinde taplanýar. Ýazly kolhoz iºinde bir
adamyò ýerini tutsa, öýde jigileriniò, aýralyk dagyny
çekýän ýüregi ýaraly gelnejeleriniò ýakyn hemaýatçysy.
Olaryò sähelçe agyran-ynjan ýerinde Ýazly ynjalykdan
gaçýar, özüne ýer tapmaýar. Urºa ugrajak mahaly
özüne maslahat berip duran agasy Nurly onuò göz
öòüne gelýär.
377
Ol Mele ºeýtanyò öýüne ar almaga barýar. — Bar,
ogluòy getir diýilýär saòa, ýa-da öýüòe girip ukuda
ýatyrka çapaýynmy?! (sah. 16) — diýen merdemsi sözlerine Mele ºeýtanyò aýalynyò zähresi ýarylara gelýär.
Onuò süýtli bedresini elinden gaçyryp, sygryny ürküzip
turzan gohuna äri oýanýar, goòºulary üýºýär. Ýazly
gazap bilen Mele ºeýtanyò itiniò demligine ýapyºýar.
Mele ºeýtanyò güýçli penjesiniò ony itiò üstünden
aýyrmagy-da, owurdyna doòduran ýumrugynyò zarbyda Ýazlyny gorkuzmaýar.
“ — Barybir, bir gije il ýatansoò gelip, külüòi göge
sowuraryn. Ertir ºu köçeden gelnejem geçen mahaly
itiò üýräýse-de, soò oòlulyk tamasyny etme!” (sah. 18).
Ýazly maksada okgunly hereket edýär, ähli kynçylyklara mertlerçe döº gerýär, ýeòºe ºübhesiz ynam bilen
garaºýar. Heniz bedeni berkemedik oglan hem bolsa ol
gelnejesi Aýsona bilen Sarygyz üçüsine bölünip berlen
ýeriò aladasyny baºga adama ýetirenok. Munuò
daºyndanam brigadanyò ýabyny çöp-çalamdan arassalamaga gatnaºýar, oba gidip ýanyndaky aýal maºgalalary
gerek-ýarak zatlar bilen üpjün edýär. Ýazlynyò özüniò
we töweregindäki adamlaryò çekýän zähmetine urºy
ýeòiºli tamamlamakda ýeke-täk seriºde hökmünde
düºünmegi onuò obrazynyò ahlak, jemgyýetçilik
manysyny güýçlendirýär. Ol töweregini gurºap alan
durmuº hadysalaryna, iº salyºýan adamlaryna biparh
seredenok. Ýaz-ly kolhozyò baºlygy Dosmuhammet agany
ýolbaºça mahsus agraslygy, iº bilýänligi üçin gowy
görýär. Mele ºeýtan, Sumsar waga ýaly ýaranjaòlary,
378
ejize ganymlary gözünde oky bolsa urjak. Agasy Döwletiò
patasy alnansoò, gaýgy-gam basyp gün-günden eräp
barýan gelnejesi Aýsonanyò, uruº zerarly gyzlygyna
garrap barýan Sarygyzyò ýagdaýyna gyýylýar.
Ýazly durºy bilen optimizme ýugrulan. Ol urºa
gidenler ölmelidir diýip pikirine-de getirenok. Duº gelýän kynçylyklara bolsa wagtlaýyn hadysa hökmünde
seredýär.
Aýsonany kakasynyò gelip äkidendigini eºidende
olaryò yzyndan ýetip, gelnejesine aýdan sözleri muny
doly subut edýär.
“— Gelneje, gitmesene, gelneje... Döwlet kakamam
geler, gelneje, Aýlyò daýysam, öldi diýlensoò gel-dä,
gelneje...” (sah. 33).
Awtoryò Ýazly hakda gürrüò bermän, ony elmydama hereketde görkezmegi obrazyò her taraplaýyn
açylmagyna kömek edýär.
Powestdäki Doòly aganyò, kolhozyò baºlygy Dosmuhammet aganyò, Sarygyzyò obrazlary hem özüne çekiji.
Bu gahrymanlaryò hüý-häsiýetleri, dünýägaraýyºlary,
dil aýratynlygy aýyl-saýyl bolanlygy üçin olaryò ýatda
galyjylygy güýçli. Sarygyzyò obrazy özboluºly. Onuò
hereketi, häsiýeti, sözi biri-birine sepleºip gidýär. Sarygyzyò
gelin bolmak islegini awtoryò suratlandyryºy örän jüpüne
düºüpdir.
Günortan kölegede otyrkalar Sarygyz Aýsonanyò
börügini alyp geýýär. Gamºa sokulgy aýna böleginde
öz gelin ýüzüni görýär. Börükdäki ýaºmagy dodaklarynyò arasynda gysyp, gelinsiräp kimdir birine eglip
379
salam beren bolýar. Aýsona ýüzlenibem: “Hany, seret,
gyz, ýapy ýaly gelin bolaýandyryn görseò” (sah. 23)
diýýär.
Ýöne Sarygyza diýdirilýän aºakdaky sözler ony diòe
durmuºa çykmagyò aladasy bilen ýaºap ýören ýaly
görkezýär.
“— Baºlyk, ýaòy biziò öýüò duºundan geçip gelýärkäò, gazygymyzda del eºeg-ä gören dälsiò?!”
“Görýän weli, ºu Torly keliò gyzy ikimiziò maòlaýymyza erkek geýimini ýuwmak ýazylmadyk bolarly...
Çöl bol-a, çöl bolmuº”.
“— Ýazly jan, seò bar ýeriò bolýar, ºu günlerde
erkek adamyò ysyny alyp ýöreniò nämä degenok”
(sah. 11).
Awtoryò ýygynda girizilen “Urºa giden adam”,
“Jaò sesi” hekaýalary okyjynyò urºa bolan ýigrenç
duýgusyny oýarýar. Birinji hekaýada urºa giden soldatyò yzynda galan maºgalasy henizem onuò ýoluna
göz dikip otyr. Onuò göwnüne adamsy ºindem bir
ýerlerde söweºip ýören ýaly. Ol ölendir diýip pikirinede getirenok. “Jaò sesi” hekaýasynyò gahrymany Sapar
gara ýagny otuz ýyl bäri özüne ýoldaº edinen duºman
oskolkasyndan ejir çekip keselhana düºse-de, oòa ejizlemek, ölüm hakda pikir etmek ýaly häsiýetler düýbünden ýat. Uruºda Smolenkiniò eteginde agyr ýaralanyp
gana bulaºyp ýatyrka owlagyny yzyna tirkäp bar-ýan
geçiniò boýnundaky jaòjagazyò sesini eºidip özüniò
diridigini bilen Sapar garaýaglygynyò düºünde bu gezegem ºol jaò sesi ýaòlanýar. Ol operasiýa edilýän jaýa
380
girende hem ºol jaòjagaz diriligiò, ýaºaýºyò ýaòy bolup
onuò gulagyndan gidenok. Hekaýalaryò gahrymanlary
merdemsi, ýaºaýºa söýgi bilen, ynam bilen seredýärler.
“Çöl kanuny” hekaýasynyò gahrymanlary Semýon bilen
Jumagylyjyò dünýägaraýºy biri-biriniòkä ters. Jumagylyja bolºewikleriò maksadyny düºündirjek bolup Semýonyò eden synanyºyklary puç bolýar. Semýonyò ýarasyna melhem edip, bolºewiklerden gaçyp çöle çykan
adamlardan gorap, ýarasy gutulandan soò, ony barmaly ýerine golaýladyp, Jumagylyç ºeýle diýýär: “—
ªuny bilip goý! Sen meni nirede görseòem aýamagyn,
gözümden urgun! Duº geläýseò, mendenem gowulyga
garaºma...” (sah 93). Hekaýanyò soòunda Semýonam,
Jumagylyjam öz pikirinde galýar. Awtor baºgaça çözgüt
gözlemän utuº gazanypdyr. Ol türkmeniò arkama-arka
aýlanyp gelýän ejize eýe çykmak däbini görkezmegi
maksat edinipdir, ºol maksadyna-da ýetipdir. Hekaýa
özboluºly eser hökmünde okyjynyò ünsüni çekýär.
Ýygyndydaky hekaýalaryò hemmesiniò çeperçilik
derejesi deò däl. “Pursat” hekaýasynda awtor esasy
meseleden sowlup, gabat gelen goºmaça wakalary beýan etjek bolup eseri örän süýndiripdir. Üstesine-de,
hekaýada ýiti garºylyk ýok. Netijede, öòe sürüljek
bolunýan pikir aýdyòlaºmandyr. “Sarsgyn” hekaýasyndaky aýaly ölüp ýeke galan Sähediò hereketlerinde
görelde alar ýaly zat ýok. Ol köplenç gamgyn ýagdaýda içini hümledip otyr ýa-da piwodyr ºerapdan “dadansoò” gyz-gelin görse, lak atjak bolup dur. Onuò öz
öòünde goýýan anyk maksady ýok.
381
“Özge ömür” hekaýasynda ýazyjy talantly aýdymçy
Daòataryò obrazyny döretmäge synanyºýar. Ýöne awtor ol hakda gürrüò berip çäklenýär. Daòatar meºhur
aýdymçy hökmünde okyjynyò göz öòüne gelmeýär.
Daòataryò sowuklamadan bokurdagyna zeper ýetip,
näçe tagalla edilse-de, onuò ºol keselden ölmegi hem
böwrüòi diòledýär.
A. Allanazarowda bu säwliklerden gaça durup, döwrebap eserleri döretmäge ýeterlik ukyp, taýýarlyk, ýazyjylyk
zehin bar. Ol özüniò ýokarda seredilip geçilen powestdir hekaýalarynda durmuº hakykatyny dogruçyl beýan
edýär.
AªYR ORAZOW,
filologiýa ylymlarynyò kandidaty.
29-njy oktýabr-1981 ý. “Ýaº kommunist”.
ªOWLY GOªGULAR
Agageldi Allanazarow ösüp gelýän çagalar ºahyrymyzyò biridir. Ol ºu wagta çenli ýaºajyk okyjylara “At
gaýraty”, “Ýedi däne” atly kitaplaryny hödürledi. Indi
bolsa ºahyryò üçünji ýygyndysy körpelere gelip gowuºdy.
“Pilotkaly gyzjagaz” atly bu kitapda ºahyryò soòky
ýyllarda döreden goºgularydyr poemalary ýerleºdirilipdir.
Tematiki dürlüligi bilen biziò göwnümizden turan
bu ýygynda A. Allanazarowyò ºahyrana baºarjaòlygynyò
artýandygyna, körpe okyjylara ýarar ýaly gyzykly,
täze pikirleri orta atýandygyny duýduryp duran ençeme
goºgulara gözüò düºýär. Awtoryò täsirli eser döretmek
382
baradaky synanyºygy, gysgadan manyly pikirleri öòe
sürmek üçin çalyºmasy köplenç kiçi göwrümli goºgularda
oòat netije berýär. Awtor ºygry gereginden artyk azaldyberse, epiki suratlandyrma ýykgyn ediberse, onuò eserlerine köp sözlülik, guraksylyk aralaºýar. Ilki bilen
ºahyryò baºarnykly taraplary dogrusynda söz açalyò.
Ine, ºahyryò “Keýik okara” atly goºgusy:
Görsün diýip keýikler,
Çykyp dur ol belende.
Buldy sagyp dolduran
Käseleri elinde.
ªahyr beýan edijilige, köp sözlülige berilmän, orta
atmakçy bolan pikirini sanlyja setirde beýan edýär.
Awtor tebigat peýza yna gezek gelende, dünýämizi
bezäp duran daglar, baglar we gaýry gözellikler arkaly
pikirini orta atmaly bolanda oòat baºarnyk görkezýär.
Eger ºahyr ozalky kitabyna giren “Daglar” goºgusynda
daglary asmana uçjak bolup duran raketa meòzeden
bolsa, bu kitapdaky “Beýik men” ºygrynda dagy çaga
duýgusy bilen baglanyºdyrýar. Onuò belentliklerini ýaºajyk
körpäniò göwnüni göteriji tebigat peýza y, predmet
hökmünde ulanýar. ªeýdip awtor dag baradaky ozalky
pikirini çuòlaºdyrýar.
Gaýramyzda gara dag,
Gaýºardyp dur döºüni.
Gitjek bir gün görmäge
Jülgelerni, daºyny.
Dyrmaºaryn daºlara,
Kynçylykdan haýykman.
383
Baºym buluda ýeter,
Borun dagdan beýik men.
Ýygyndydaky ikinji bir ºowly goºgular topary, ol
hem çagalaryò gylyk-häsiýetlerini açmaga bagyºlanan
ºygyrlardyr. Biz ºahyryò ýumºaksy ýumaryò üsti bilen,
körpeleriò geò-enaýy hereketleri arkaly çaga psihologiýasyna aralaºmagy baºarýandygyny ozal bilýärdik. ªahyr
täze kitabynda bu ugurdan kämilleºipdir. ªahyryò “Her
gün, her gün”, “Balykçy Ýusup”, “Taýhar”, “Meniò
arzuwym”, “ªular ýöne”... ýaly ºygyrlarynda dürli-dürli
çaga häsiýetlerine gabat gelýäris. Awtor akyllyja, düºbüje,
päkizeje çagalaryò berekellasyny ýetirip, ýalta, sözünde
tapylmazak, garagol-bezzatlaryò satira arkaly “temmisini” berýär.
Gitmekçi ol balyga,
Taýyn çeòòegi, tory.
Diýýär: “Menden sypaýmaz
Derýanyò balyklary!..”
Taýynlanýar ºeýdip ol
Bir güni hem yranok.
Ýöne ºindi Ýusuby
Köl boýunda gören ýok.
(“Balykçy Ýusup”)
Ýygyndydaky çaga häsiýetini açyp görkezýän
goºgularyò yzy “Ganatlylar” atly poemajyga sapyp
gidýär. ªahyryò körpeler üçin uly göwrümli eser döretmäge ukyplydygyny subut edip duran bu eserde Ýazgeldi
atly oglanjygyò — öz harby borjuny oòat ýerine
384
ýetirýän ýaº esgeriò oý-hyýallaryna aralaºylýar. Awtoryò “Köºek bilen ala top” atly poema-ertekisi hem
umuman, erbet çykmandyr. Ol çagalaryò fantaziýasyny
ösdürmäge ep-esli derejede ýardam edip biljek. Ýygyndyda bar bolan beýleki käbir goºgular dogrusynda,
olaryò çeperçilik taraplary hakynda ýene-de gürrüò
etse bolardy. Ýöne ýokardaky söhbetimiz hem A. Allanazarowyò “Pilotkaly gyz” atly täze ýygyndysynyò
ºowly çykandygyny aòladyp dur. Bu ýygyndyda awtoryò ºahyrana baºarjaòlygynyò artandygy, ºeýle-de heniz käbir kemçiliklerden halas däldigi duýulýar.
Olaryò ilkinjisi awtoryò heniz ozal köp gezek gaýtalanan, ºeýle-de guraksy pikirlerden saplanyp bilmändiginden ybaratdyr. Awtoryò “Köºek”, “Säher” ýaly
goºgularynda ºahyrana gözlegler kemterlik edýär. Bu
bolsa goºgynyò ýöntem, guraksy çykmagyna getirýär.
Parasatly diòin salyp,
Mahal-mahal gäwüº çalyp.
Köºek çölde aýlanyp ýör,
Ýerden esli saýlanyp ýör.
Ýok göwnünde gitsem küýi.
Nirä gitsin? Çöl oò öýi!
(“Köºek”)
Awtoryò bu goºgusyny okanyòda, oòa ºygryò ahyrky
setirlerindäki sorag bilen ýüzlenesiò gelýär. Dogrudan
hem, köºek öz mekanyndan çykyp nirä gitsin?! Eger-de
awtor köºegiò öri meýdanyny, enesini taºlap baºga ýere
gidip bilmeýändigini bilýän bolsa, “Ýerden esli saýlanyp ýör” ýaly ýöntem pikirli guraksy goºgusyny häzir385
ki görnüºinde ýygynda girizmegiò zerurlygy ýok eken.
Eýsem, “Säher ýene göterdi, torgaýlary belende, ganat
berýär göwne ol, ºeýdip her gün gelende” ýaly “çaga”
pikirini setirlere salmak awtoryò, onda-da ösüp gelýän
çagalar ºahyrynyò peýdasyna däl.
Ýygyndynyò ýene bir kemçiligi, awtoryò käbir
goºgularyndaky ynandyryjylyksyz pikirlerdir. “Kyn klas”
atly ºygryndaky çaga duýgusynyò, çaga gürrüòiniò
körpelere mahsusdygyna ºunça ynanjak bolsaò-da ynanyp
bolanok. Bu çagalaryò durmuºyndan alnan pikire dälde, oýlanyp tapylan pikire çalym edýär.
- Eje, mugallyma aýdaý sen
ºuny,
Ýokary klasa geçirsin meni.
Hemme klaslardan kyn ekeni
has
Meniò okaýanym birinji klas.
(“Kyn klas”)
A. Allanazarowyò “Pilotkaly gyz” atly ýygyndysy
barada edilen gürrüòleri jemläp, aºakdaky netijelere
gelmek mümkin. ªahyr çagalar üçin täsirli goºgular
döretmegi baºarýar, çaga psihologiýasyna aralaºmaga jan
çekýär. Awtoryò täze kitaby “At gaýraty” atly ilkinji
kitabyndan hil taýdan ºeýle bir ýokary saýlanmasa-da,
öòe gidiºlik bar. Eger ºahyr beýleki anrlara kän ýaraman, bar zehinini bir ýere jemläp, çagalar poeziýasyndaky ussatlygyny ýokarlandyrsa, onda täze-täze oòat
eserlere garaºmak mümkin.
ALLAMYRAT GARAÝEW,
ªahyr.
386
KÖRPELERIÒ DOSTY
Gürrüò Agageldi Allanazarow hakynda barýar. Ol
hakyky çagalar ýazyjysy. Onuò çap bolan kitaplarynyò
käbirleriniò atlaryny ýatlap göreliò — “Çal, tüýdügim”,
“Dagdanam beýik” (Moskwa), “Günüò öýi”, “At gaýraty”,
“Ýedi däne”, “Pilotkaly gyz”, “Iner ýüki”, “A” ýazýan”
we beýlekiler. Ýazyjynyò kitaplarynyò atlary, eýýäm
ºunuò ýaly hem awtoryò körpe okyjysynyò ýüregini,
göwün matlaplaryny inçelik bilen duýýanlygyndan habar berýär. Eýsem-de bolsa, türkmen çagalarynyò “Tüýdügini saýradyp”, “Dagdan-depeden beýik” bolmagy
gadym durmuºda, her bir iºde gadymy ýyndam ahalteke atlary ýaly gaýratly bolmagy, gerek ýerinde agyram, kynam bolsa “Iner ýüküni” götermäge çalyºýanyny,
hiç bolmanda ºoòa göwün beslemeýänini tapmak aòsat bolmasa gerek.
ªahyryò eýýäm ilkinji kitaby edebiýatyò iò kyn,
ümmülmez meýdanyna okyjynyò gözüniò alnynda kiçi
bolup bilýän ullakan ýazyjynyò, ýürekdeº ºahyryò
gelendigini buºlady.
Çal tüdügim,
Saýra hany,
Goý, diòlesin
Sähra seni...
Goý eºitsin,
Ejem janym.
— Otdan gelýär —
diýsin — hanym!
387
Dülli-dülli,
Dülli-dülli,
Öýe ýetdik —
Indi boldy.
Türkmen çagalar edebiýatynda tüýdükler hem tüýdükçiler barada goºgy kän ýazylypdy, olar ºindi hem
ýazylýar. Emma tüýdügiò owazyny gulagyna ºeýdip
ýetirip bilýän bu ter, tämiz goºgynyò olaryò içinde öz
aýratyn orny bar. Ýadyòyzdamy, oglan tüýdügini goýup
öýüne girip gitdi. Agageldi okyjysyny oglanjyk ýaòadan
daº çykyp, tüýdügini ikilenç ele alýança garaºmagy
baºarýar. Poeziýanyò körpelere boýun egýän syry-güýji,
hem, megerem, munuò ýaly zatlarda bolsa gerek.
“Pilotkaly gyz” atly goºgular kitaby bilen ºahyr
türkmen çagalar poeziýasynda özboluºly ädim ätdi.
Okyjylar kitapdan, durmuºyò köp röwüºli ahwalatlary,
tebigat, haýwanlar dünýäsi barada ºadyýan pikirlenýän
çagalaryò ençemesi bilen tanyº boldular.
Taýharyòam düýelerden
Ýok däl ahyr artyk ýeri.
Düýäòkiden telim esse
Uly ýelken gulaklary.
Oò üstüne atlandygym
ªonda meniò çüwýär bagtym.
Mele taýhar Gyrat bolýar,
Men Görogly bolan wagtym.
Çagalaryò sagdyn, erkin ösmegi üçin ºagalaòyò-ºatlygyò gerekdigi barada iòòän dogry belleýärler. Bu
388
möhüm meseleden çeper edebiýatyò, ylaýta-da, çagalar
edebiýatynyò çetde galyp bilmejekdigi öz-özünden düºnükli.
Eýsem-de bolsa, körpelere ºu günki hödürlenilýän ºygyrlaryò içinde gaýtalanýan, lenji çykan, saly gowºak, “sesi
boguk”, “ýüzi salyk” goºgularyò az däldigini hem bellemek gerek.
Agageldi Allanazarow döredijiliginde körpe okyjy üçin
iòòän zerur bolan ºol ºadyýan äheòe, ºagalaòly owaza
juda üns berýär. Ol göräýmäge öò belli wakalara-da, on
müò gezek görlen, synlanylan predmete-de baºga bir
tarapdan, üýtgeºik nazar bilen garamagy baºarýar.
Hawa, ºahyr goºgularynda gahrymanlarynyò ruhuna, dünýäsine girmegi suratlandyrýan predmetleriniò
inine “siòip gitmegi” ussatlyk bilen baºarýar. Awtor ol
ýa-da baºga adaty predmet barada ýazanda oòa körpeleriò gözi bilen seretmegi ºeýle bir baºarýar weli
duýman durkaò ºahyryò gahrymanynyò ýanyna gaýdyp barýarsyò, ºol predmeti ýenem-ýenem synlamak
isleýärsiò.
Awtor, eýsem-de bolsa, eserlerine hemiºe körpeleriò
hut özüni gönüleýin ýa-da (çaga üçin onuò özüni
gönüden-göni gatnaºdyrmanam ýazmak bolar ahyry)
diòe utuº gazanýar. Onuò körpe gahrymanlary sada,
näzik pikirli, emma belli-belli pursatlarda ululary-da
oýlandyrmagyò hötdesinden gelýär. Mysal üçin, Agageldide
“Enemiò äýnegi” atly goºgy bar. Awtoryò türkmençede, rusça-da çykan kitaplaryna girizilen bu goºgy barada belli rus ºahyry Lew Oºanin hem öz wagtynda
389
hoºniýetli sözlerini aýdypdy. Goºgynyò mazmuny ºeýle:
“Oglanjyk enesiniò optiki äýnegini dakynyp görýär.
ªonda oòa serçe gaz ýaly bolup, syçanjyk bolsa doòuz
ýaly bolup görünýär...”.
Üns beriò, oglanjygyò gözi gudratlarda eglenýär.
Agageldi öz gahrymanlaryny ºeýle täsin wakalar, ºadyýan
ahwalatlar bilen hem terbiýeleýär.
Agageldi Allanazarow soòky ýyllarda zehinli prozaçy hökmünde-de özüni tanatmaga ýetiºdi. Onuò galamynyò astyndan çykan “Ýedi däne”, “Iner ýüki”, “Gyrat”
ýaly powestleri onlarça hekaýalary eýýäm kitap bolup
edebiýat söýüjileriò tekjelerinden özlerine mynasyp orun
aldylar. “Iner ýüki” powestiniò “Dru ba narodow”
urnalynda çapa taýýarlanylýandygyny aýtsak bolsa,
awtoryò tebigy zehininiò prozada-da öz ýüzüni mynasyp görkezýändigine güwäçi bolman durmasa gerek.
Men desantçy esgerleriò durmuºyndan gyzykly söhbet açýan “Ýedi dänäniò” (“Sem zerem”) uruº ýyllarynyò türkmen çagalarynyò, ýetginjekleriniò baºdan
geçiriºlerini juda beletlik bilen suratlandyrýan “Iner
ýüküniò” (“Týa elaýa noºa”), türkmen halkynyò gözel
hem baý tebigatyny, halkyò arzuw-isleglerini, onuò
meºhur ahal-teke atlaryna söýgüsini ºahyranalyk bilen
açyp görkezýän “Gyr atynyò” (“Kon”) mazmunyny
häzir jikme-jik gürrüò bermekçi däl. Megerem, proza
eserini beýle etmeli hem däl. Çünki, biziò ºu belliklerimizi okan okyjynyò wagty gelende ol eserleri (awtoryò
indiki döretjek eserleri bilen birlikde) hezil edip okajakdygyna birjik-de ºübhäm ýok.
390
Pedagogika, adatça, çaga bilen “çaganyò özi ýaly
bolup” çaganyò sadadan, çylºyrymly dünýäsine düºünip,
girip iº salyºmagy ündeýär. Bu ýazyjylyk kärine-de,
megerem, dolulygyna degiºlidir. Näden, eserleriò okyjyny
terbiýelemek, ýamany-ýagºylyga tarap özgertmek üçin
ýazylýanlygy çyn bolsa, onda ýazyjynyò-da pedagogikadan kän bir daºlaºara haky ýok. Umuman, haýsy
bir nukdaý nazardan alsaò-da, çaga öz iºine, dünýäsine
ýasama oýun-henek, äsgermezlik bilen aralaºsaò halamaýar. Olar bu usuly, bu usulda döredilen ähli zady
ýowuzlyk bilen ret edýärler. ªol sebäpli-de çagalar üçin
eser döretmek küýüne münen awtorlar üçin körpeleriò
oý-hyýallaryny, ösüp-özgerip duran arzuw-isleglerini,
göwün ýüwürtmelerini yzygiderli öwrenip okap durmaklyk möhüm wezipe bolup durýar. ªol jähtden,
Agageldiniò haýsy bir goºgusyny, hekaýasyny, powestini, poemasyny alsaò-da, gözüò dokunýan, paýhasyòa
ornaýan utuºlary görmek bolýar. Çünki Agageldi hemiºe
gözlegde, hemiºe ýolda, hemiºe ösüºde. Gözlegdäki, ýoldaky,
ösüºdäki adam bolsa gadyrly hem gyzykly bolýar.
A. AªYROW,
TSSR Ýazyjylar soýuzynyò Mary oblast
bölüminiò jogapkär sekretary.
24-nji mart - 1983 ý. “Lenin baýdagy”.
“A” ÝAZÝAN OGLAN
Agageldi Allanazarow entek Moskwanyò M. Gorkiý
adyndaky edebiýat institutynda okap ýörkä, “Edebiýat
we sungat” gazetinde onuò dört sany ºygrynyò çap
391
edileni ýadymda. ªonda institutyò professory, ºahyr
Lew Oºanin “Ýoluò ak bolsun, Agageldi!” diýipdi we
ºägirdi barada ºeýle ýazypdy:
“Meniò seminarymda okaýan Agageldi Allanazarow
ºahyrana döredijiligiò dürli taraplary bilen gyzyklanýar. ªahyr özüniò ýaºajyk gahrymanynyò psihologiýasyna gaty oòat düºünýär. A. Allanazarow, hususan-da, ºahyrana giperbolany ýerlikli ulanmagyò hötdesinden gelýär”.
Ondan esli wagt geçdi. Agageldi Allanazarow bolsa
döredijilik iºine ymykly baº goºdy. Çagalar üçinem,
ulular üçinem ýazdy. ªygyr hem ýazdy, proza eserini
hem. Ýöne, halypasynyò belleýºi ýaly, “Onuò ýazýan
zatlarynyò içinde has ºowlusy, ünsüòi özüne çekýäni
çagalara niýetlenen goºgularydyr”.
Agageldiniò çagalar üçin ýazýan goºgularyna köpden bäri belet. Neºirýat iºgäri bolanym üçin, onuò
“Edebiýat we sungat” gazetinde çap edilen ºol ºygyrlaryndan baºlap, soòky goºgularynyò köpüsi meniò
elimden geçdi diýsem, ýalòyº bolmasa gerek.
ªahyryò studentlik ýyllarynda ýazan ºygyrlaryndan
“At gaýraty” meniò has-da ýadymda galypdyr. Erteki
formasynda ýazylan bary-ýogy bäº bentlik goºguda
adamkärçilik duýgusy, çagalara mähribanlyk, zähmete
söýgi ýaly ündew öòe sürülýär. ªygyr belli çagalar
ºahyry, ýakynda Türkmenistanyò Lenin komsomoly
baýragyna mynasyp bolan Ýakow Akimiò terjimesi
bilen “Pionerskaýa prawda” gazetinde çap edilende,
392
men Agageldä kesesinden guwandym. Gazetiò ºol sanyny
ºindizem saklap ýörün.
Agageldi Allanazarowyò “Altyn ºöhle”, “At gaýraty”,
“Pilotkaly gyz”, “A” ýazýan” kitaplaryna giren ºygyrlary türkmen çagalarynyò göwnünden turdy. Onuò
goºgulary rus terjimeçileriniò ünsüni çekdi. Moskwanyò
“Malyº”, “Detskaýa literatura” neºirýatlary Agageldiniò
kitaplaryny reòkli suratlar bilen bezäp, köp tira da
neºir edip, bütisoýuz okyjysyna ýetirdiler. Eýsem, çagalar ºahyrynyò goºgularynyò syry, üstünligi nämede?
Muny ºol eserleriò özünden gözlemeli. Özüni okamaly.
Agageldi Allanazarowyò öz döredijilik ýoly bar. Ol
ºygryò ºygyr bolmagynda esasy rol oýnaýan detallary
ýerbe-ýer ulanmagy baºarýar. Ýyndam ºemal-da, ýylgyryp duran Gün-de, “R” diýmegi öwrenip ýören garga-da, mahlasy, adam obrazyna giren ähli predmetlerem,
liriki gahrymanam mydama aktiw hereket edýär. Liriki
gahrymanyò hereketiniò aktiw bolºy ýaly, onuò durmuºa
höwesi-de, tebigatyò gözelliklerine söýgüsi-de uly. Ol
eline galam alsa, çeken suratlaryndan tebigat janlanýar,
enesiniò äýnegini dakynyp seretse, serçeler ulalyp, ördege-gaza çalym edýär, ºokoladjyklar kerpiçmikä diýdirýär, garynjalar taýhary ýadyòa düºürýär, syçanlar
jojuga meòzeýär.
Awtor ºu hili ºygyrlarynda giperbolany geregiçe
ulanýar. Degiºme äheòli ºeýle goºgular ýaº okyjynyò
ýadynda galýar.
Agageldi Allanazarowyò döredijiliginde ýene bir
bellemeli zat: tebigylyk, synçylyk güýçli. “A” ýazýan”
393
ºygrynda çaga durmuºy, çaga psihologiýasy juda ýerlikli, ynandyryjy berlipdir. Onda çaga durmuºyna mahsus
detallaryò üsti bilen ýatda galyjy surat çekilýär. Heniz
mekdebe barmadyk çaga eline hek alyp, harp ýazmagy
öwrenýär. Çaga bilesigelijiligi, çaga höwesi ony erkine
goýmaýar. Ol “A” harpyny maºynyò köne tekerine,
öýüò basgançagyna, agaçlaryò ýüzüne ýazyp ýör.
ªeýdibem, mekdebe barmanka, galam tutmaga, adyny
ýazmaga ymtylýar. Eýsem, bu biziò hemmämiziò
baºymyzdan geçmedimi?
Çagalar ºahyry Agageldi Allanazarowyò ýazýan
goºgularynda ýene-de bellemeli zatlaryò biri: ol tebigatyò suratyny çekmäge köp ýykgyn edýär, tebigatyò
janly hem jansyz predmetlerini adam obrazyna kän
girizýär.
ªahyr kitapdan-kitaba kämilleºýär. Çagalar onuò
goºgularyny höwes bilen okaýarlar, duºuºyklarda höwes
bilen diòleýärler. ªahyra gerek zadam ºulardyr. ªu
jähtden men A. Allanazarowyò kitaplarynyò Türkmenistan Lenin komsomoly baýragyna hödürlenmegine
ºahyra goýul-ýan mynasyp sarpa diýip düºünýärin.
ÝAGMYR PIRGULYÝEW,
ºahyr.
15-nji aprel - 1983 ý. “Mydam taýýar”.
ÝENE-DE BIR ÄDIM
Türkmen sowet edebiýaty talantly awtorlaryò hasabyna barha baýlaºýar. ªol talantlaryò biri hem ýazyjy,
394
ºahyr Agageldi Allanazarowdyr. Ýaòy-ýakynlaram ýaº
ýazyjy hökmünde tanalýan bu awtor özüniò dürli
öwüºgine baý eserleri bilen gysga wagtyò içinde köpleriò ünsüni çekmegi baºardy. Bu günki günde ol “At
gaýraty”, “Iner ýüki”, “Dagdanam beýik”, “Ýedi däne”
ýaly ençeme kitabyò awtory hökmünde giòden tanalýar. Özem A. Allanazarow ulular üçinem ýazýar, körpeler üçinem. Onuò eserleri geljekde bu ýazyjydan has
düýpli zatlara garaºmaga hukuk berýär.
Ýaòy-ýakynda bolsa “Magaryf” neºirýaty ºahyryò
goºgularynyò ýene bir ýygyndysyny çapdan çykardy.
“A” ýazýan” diýen at bilen çap edilen bu ýygynda
ºahyryò dürli temadan ýazylan onlarça goºgusy bilen
“Nur paýlaýan oglan” we “Atly bolsaò” atly poemalary hem ýerleºdirilipdir. Kiçi ýaºly mekdep okuwçylary üçin niýetlenen bu kitpçany baºdan-aýak okap
çykanyòda ºahyryò edebiýat äleminde ynamly ädim
urýandygyna, kämilligiò alkymyna barýandygyna göz
ýetirmek bolýar.
Tanaýan “A”-ny,
Ýazýaryn “A”-ny.
Indi köpelýär
“A”-laryò sany...
...Kyn däl “A” ýazmak,
Ünsli bolsaò,
Hekiò bölegni
Eliòe alsaò.
395
Eýläk bir aýak,
Beýläk bir aýak,
Ortasyna bolsa
Kiçijik taýak.
Bu setirler kitapça bilen adybir goºgy bolan “A”
ýazýan” ºygyrdan alyndy. Alnan mysaldan görnüºi
ýaly, bu goºgynyò liriki gahrymany ýaòy mekdebe
gatnap baºlap, harplary özbaºdak ýazmaga endik edinip
ugran körpedir. Awtor öz nygtajak bolýan pikirini
liriki gahrymanyò dilinden bermek bilen onuò okuw-ýazuwa hyjuwynyò çäksizdigini, höwesiniò güýçlüdigini aýdyòlyk bilen görkezmegiò hötdesinden gelipdir.
ªeýle erjellik biziò körpe neslimize tutuºlygyna mahsusdyr. ªonuò üçin hem bu ºygry islendik körpe okyjynyò
edil özi hakda ýazylan ýaly kabul etmegi tebigy zatdyr.
Goºguda çeperçilik seriºdeleriniò jaýba-jaý ulanylyºy
hem göwnüòden turýar. Aýratyn hem, onuò jemlemesi
ýerine düºüpdir. ªahyr eseriò soòunda “Eýläk bir aýak,
beýläk bir aýak, ortasyna bolsa kiçijik taýak” diýip,
“A” harpynyò suratyny söz bilen çekmegi baºarypdyr.
Çünki bu setirler körpeleriò tiz ýadynda galjak we
olara goldaw berjek. Körpeleriò ýakyn dostuna öwrüljek ºeýle goºgular kitapda isledigiòçe bar.
ªahyryò poeziýasyny üns berip okadygyòça ºeýle
bir ýagdaý seni özüne çekip baºlaýar. Ol hem bolsa
A. Allanazarowyò goºgy setirlerinde inçe ýumora uly
üns berilýänligidir. Edebi çeperçiligiò bir täri bolan
eserde ýumor ulanmak tärini awtor öz gerek ýerinde
peýdalanmagy, ºeýdip okyjyny ýylgyrtmagy, özüne çek396
megi baºarýar. Sözümiziò gury bolmazlygy üçin käbir
mysallara ýüzlenmek bolardy. Mysal üçin, “Torgaý”
atly bary-ýogy iki bentlijek ºygry alyp göreliò:
Galkyp ýerden derek boý,
Torgaý gökden esetdi.
Soòam janserek bolup,
Pelpelledi, ses etdi.
Näderini bilmän dur,
Güläýmeli hut gülseò.
Näme beýle galdyò sen,
Düºüp bilmejek bolsaò.
Goºgyny okap çykanyòda hemiºe görüp ýören zadyò,
torgaýyò asmana galyp, bir duran ýerinde pelpelläp
saýrap durºy göz öòüòe gelýär. Birdenem, awtoryò
suratlandyryºy ýaly, ýaòky torgaýyò beýge galyp, indem düºüp bilmän durºy göz öòüòe gelip, ýylgyranyòy
hem duýman galýarsyò.
Ýa-da beýleki bir ºygyrda “R” diýmäni öwrenýän
garga hakynda goºguda hem ºahyr ýumory ýerinde
ulanyp bilipdir:
— Her oturan ýeriòde,
Irginsiz “kar-karlaýaò”
Ardynýaòmy, garga, sen,
Garga kime gargaýaò?
— Biler bolsaò ýüregmi
Men gargada arzuw kän.
Okuwa gitjek menem,
“R” diýmegi öwrenýän.
397
Ýumory ºeýle iºletmek äheòi kitapda ýerleºdirilen
“Kebelek”, “Darbaz bulut”, “Jemal”, “Alma”, “Galam
alsam elime” , “Synag” we beýleki ençeme goºgularda
hem güýçli duýulýar. Bu goºgularyò dili ýeòil. ªeýle
bolansoò olar tiz ýatda galýar. Olarda ºahyrana söz
oýnatmalary, söz düzümleri, çeper meòzetmeler geregiçe
ulanylypdyr. Bu bolsa ady agzalan eserleriò çeperçilik
derejesiniò ºu günüò okyjysynyò talabyny ödäp bilmegine
getiripdir.
Eseriò çeperçiligi hakynda gürrüò edilende ýene bir
zady bellemek gerek. Jüpüne düºen kapyýa eserde uly
rol oýnaýar.
ªonuò üçinem ºygyrda kapyýanyò owazlylygyna
aýratyn üns bermek gerek. A. Allanazarow hem özüniò
iò gowy goºgularynda ºu nukdaýnazardan ugur alypdyr diýip aýtsak, dogry bolardy. ªeýle hem ol öz goºgy
setirlerinde mümkin boldugyça öò ulanylmadyk kapyýalary iºletmäge çalyºýar. Munuò özi gutlamaly ýagdaýdyr. Sebäbi soòky döwürde halys çakyry çykan
kapyýalary ulanmak birhili ýoò bolup barýar.
Ýygyndydaky goºgulary birin-birin okanyòda ºahyryò çaga psihologiýasyna gowy düºünýändigine göz
ýetirýärsiò. ªeýle bolansoò oòa çaga häsiýetini açyp
görkezmek kyn hem düºmeýär. Aýratyn hem, awtor
bilesigeliji, arzuwçyl çagalaryò obrazyny beýan etmekde
galamyny ezber iºletmegiò hötdesinden gelýär. Mysal
üçin, “Synag” atly goºgusynyò körpe gahrymany hem
bilesigeliji çagalaryò tipinden. Ol pyºdyllaryò üç ýüz
398
ýyl ýaºaýandyklaryny eºidipdir-de, indem ony synagdan geçirmekçi bolýar:
Eºden günüm pyºdyllaò,
Ýaºaýanny üç ýüz ýyl,
(ªeýle uzak köp ýaºy
Ýaºanokmyº, düýe, pil...)
Baýra gidip getirdim
Bir oòatja pyºbaga.
Özem entek kiçijik —
— Üsti kersenli çaga.
Sanajak men ºu günden
Ýaºan ýaºyn sanma-san.
Goý, ýaºasyn üç ýüz ýyl,
Çyn bolsa ºol diýilýän.
ªeýle bilesigeliji çaganyò obrazyna “Yzlap ýörsem
ºemaly”, “Bagt”, “Lýotçik bolsam”, “Hekaýat”, “Täjiò
arzuwlary”, “San sanaýan” ýaly ºygyrlarda hem duº
gelmek bolýar.
Ýygyndyda ýerleºdirilen poemalar hakynda hem
polo itel bellikler etmek mümkin. “Nur paýlaýan oglan”
atly poemada simwoliki gahryman hereket edýär. Ol
ºer iºler bilen bolýan söweºlerde barha taplanýar, biºiºýär
we ägirt güýjüò eýesi bolan pälwan bolup ýetiºýär.
Onuò niýeti dünýädäki ähli ºer iºleri ýok edip, bütin
adamzada ýylylyk saçmakdan ybarat. Poemanyò soòunda
ol ºol maksadyna hem ýetýär.
Poemanyò ºeýle jemlenmegi köne dünýäni agdaran
rewolýusion güýçleri ýadyòa salýar. Dogrudanam, biziò
399
sosialistik hakykatymyz biziò bütin dünýäniò ýüreginde
ot bolup alawlaýar, päk ýürekli her bir adam ºol alawa
bakan ymtylýar.
Kitapçanyò ºowly taraplary hakynda entegem aýdara zat kän. Ýygyndydaky käbir goºgulary çintgäp
otursaò, olaryò kemçilikli taraplarynyò hem bardygy
duýulýar. Aýratyn hem, bu ýagdaý ºahyr beýan etme
tärini ulananda guraksylyga ýol berende duýulýar. Ýöne
biz ºol kemçilikleri nygtap oturmakçy däl. Sebäbi dörediji
adamyò özi synçy bolýar. ªeýle hem ol öz eserleriniò
kemçilikli taraplaryny ilden has öò görmegi baºarýar.
Bize bolsa awtoryò ºol nogsanlyklary geljekde düzetjekdigine ynanmak galýar.
Sözümiziò soòunda bolsa, ºahyryò täze kitabynyò
döredijilik meýdanynda ýene bir ädimdigini, özünem
ºowly ädimdigini nygtasymyz gelýär. ªeýle ºowly ädimleriò awtory, aýratynam, onuò eserlerini okyjylar köpçüligine giòden tanadar diýen umydymyz bar. Sebäbi ºu
günki günüò okyjysy talabalaýyk eserleriò gadyryny
bilýän okyjy. Ol “çäji harpykdan saýlamagy” baºarýar.
Munuò özi bolsa edil durmuºda bolºy ýaly, edebiýatda
hem möhüm zatdyr.
HOJABERDI ÇARYÝEW.
21-nji dekabr - 1982 ý. Marynyò “Lenin baýdaygy”.
TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETLI ESERLER
Türkmen çagalar poeziýasynyò soòky ýyllardaky
talantly ösdürimleri barada gürrüò gidende, Agageldi
400
Allanazarowyò adynyò ilkinjileriò hatarynda agzalmagy megerem, bu ºahyryò goºgularynyò okyjynyò
ýa-da diòleýjiniò psihologiýasyna hoºamaý täsir edip,
onuò kalbyny heýjana salyp bilýänligindedir.
Agageldi çagalar ºahyry, esasanam, ol kiçi ýaºly
mekdep okuwçylarynyò durmuºyndan ýazýar. Onuò
türkmen dilinde çap edilen “Günüò öýi” (1977), “At
gaýraty” (1978), “Pilotkaly gyz” (1980), “A” ýazýan”
(1982), merkezi neºirýatda rus dilinde çykan “Çal, tüýdügim” (1978), “Dagdan-da beýik” (1979) atly poetik
ýygyndylarynyò köpüsi ºol ýaºdaky çagalar üçin niýetlenendir. Haýsy ýaºdakylary göz öòüne tutup ýazanda, galamyny ezber iºledip bilýändigini ºahyryò hut
özi duýanda, ana, ºonda ºol eserler ºowly çykýar.
Agageldi ºony duýýar.
Beýle diýilse, Agageldi Allanazarowyò goºgulary
diòe bir kiçi ýaºly mekdep okuwçylary üçindir diýip
düºünmek nädogry bolar. Meniò pikirimçe, ºol goºgular
köplenç halatda çagalar üçin bolsa-da, ol goºgulary
okamak, diòlemek ululara-da ýakymly bolýar. ªeýlelikde, Agageldiniò gürrüòi edilýän kitaplaryndaky
goºgularynyò gahrymanlarynyò, köplenç, kiçi ýaºly
mekdep okuwçylary bolup, olara ulular üçin hem kiçiler bilen deò derejedäki goºgular diýip düºünýärin.
Geçen ýyl Agageldi bilen oba zähmetkeºleriniò arasyna gidip, olaryò arasynda çykyº etdik. ªonda men
onuò çagalar hakyndaky goºgularyny uly ýaºlaryò
auditoriýasynyò hem uly kanagatlanmak bilen kabul
edýändiginiò ýene-de bir gezek ºaýady boldum. ªahyr
401
ºol gezekki çykyºlarynyò birinde “Habar beriò” diýen
goºgusyny-da okapdy. Onda, ine, ºeýle setirler bardy:
Meniò dostum ýitdi, dost
dagam däldi,
Daºarda gemren süòkleri
galdy...
Ady Alabaýdyr, guýrugy
uzyn,
Dilini görkezer ýatanda
ýüzin.
Halaýany süòkdür, berip
göräýiò,
Eger iýmese, onda habar
beräýiò.
Çykyºdan soò bizi myhmançylyga çagyrdylar. Myhman baran ýerimiziò bir güjügi bar eken. Bärden
baranymyzdan, ol guýrugyny bulaýlap, öòümizden çykdy,
üstümize bökdi. ªonda Agageldi: — Tüýs tohum güjük
eken, janawar! Ady nämekä munuò? — diýip, biziò
bilen gelýän ºol ýerli adamlaryò birine habar gatdy. Ol
ýylgyrdy-da: — Süòk berip göräýeris, eger iýse, ady
Alabaýdyr — diýip, degiºmä saldy.
Her bir degiºmäniòem degiºli esasy bolýar. Men
muòa degiºmedir diýip hem doly kepil geçip biljek däl.
Ýöne ºol goºgynyò diòleýjä diýseò ýarandygyny welin,
ºonda bilip galdym.
Agageldiniò goºgulary okalandan, diòlenenden soòra
salym geçmänkä ýatdan çykyp gidiberýän goºgularyò
402
hilinden däl. “Alma” atly ýekeje goºgynyò mysalyndada oòa göz ýetirmek mümkin:
— Kaka, nirä gitjek?
— Alma ekjek hol pelde.
— Maòa-da görkezermiò?
— Gör, köwºüò geýip gel-de.
— Kaka, alma nirede?
— ªu ekýänim alma-da.
— Ol-a nahal ekeni,
Iýäýjekdim, bolmad-a.
Tebigata ºahyrana nazar salmak, ondan özgeleriò
gözüne ilmeýän özboluºly netije çykarmak Agageldiniò
goºgularynyò häsiýetli aýratynlyklarynyò biridir. ªahyryò “Ýagyº ýagýar” atly goºgusyny okap görýänçäk,
biz hersi bir ºänige meòzäp bulutlardan tänip gaýdýan
daºjagazlara baglar gulagyny deºdirýändir öýdüp pikir
hem etmändiris. ªol goºga çenli biz asyl baglaryò
ýapragyna baglaryò gulagydyr öýdübem pikir etmän
ekenik. ªahyryò gözi bilen serdeniòizde, ºemal “... baglaryò ºahasyn yrap, berýär guºlara hiòòildik gurap”.
Agageldiniò ºol hili goºgularynyò üsti bilen her bir ýaº
okyjy tebigatdaky her bir zady, her bir predmeti janly
göz öòüne getirip bilýär.
ªahyr sýu etli, ylaýta-da, “Ene tokaý hem pil basan
hakynda erteki”, “ªir hakynda erteki” ýaly poetik
eserlerinde körpe okyjylara haýyr bilen ºer barada
ynandyryjylyk hem sadalyk bilen gürrüò berýär. Bu
ertekiler çagalara ýagºy-ýamanyò nämedigini öwretmekden daºgary tebigaty goramak ýaly asylly ideýany
403
olaryò aòyna guýýar. Tebigaty goramak ideýasy “Lukman çöl, dertli aýy hakynda erteki” özboluºly beýanyny tapýar. ªahyryò tebigaty goramak bilen
baglanyºykly her bir goºgusy liriki gahrymanyò sosialistik Watanymyza bolan söýgüsi bilen utgaºyp gidýär.
Bir söz bilen aýdylanda, Agageldiniò eserleri ýaº
nesli gözelligi duýmaga, tebigaty eserdeò goramaga,
kommunistik gurluºygyò belent ymaratlaryny bina edýän
zähmet adamlaryna meòzetmäge, Watany söýmäge iterýär.
ªu jähtden, edebiýata ýetmiºinji ýyllarda ymykly hem
ynamly gelen ýazyjy Agageldi Allanazarowyò eserleriniò Türkmenistan Lenin komsomoly baýragyna hödürlenmegini begenç duýgusy bilen makullasymyz gelýär.
KASYM NURBADOW,
ºahyr.
20-nji aprel - 1983 ý. “Mugallymlar gazeti”.
BAÝRAGA MYNASYP
Çagalar ºahyry Agageldi Allanazarow heniz Marynyò
pedagogik uçiliººesinde okaýarka, çagalar üçin oòat
goºgular ýazýardy. Marynyò “Lenin baýdagy” gazetiniò ýanyndaky edebiýat birleºmesinde okaýan goºgularyny
diòläp, biziò ýaº ºahyra gözümiz gidýärdi. Agageldi
ºondan bäri oòat goºgulary hem poemalary bilen metbugatda çykyº edip gelýär. Soòra ol Moskwanyò
M. Gorkiý adyndaky edebiýat institutyny gutardy. Agageldiniò döredijiligi Moskwada okan döwründe has-da
kämilleºdi. Onuò nowella häsiýetli goºgulary moskwaly
terjimeçileriò hem ünsüni özüne çekdi.
404
Häzir Agageldi türkmen hem rus dilinde neºir edilen
birnäçe kitapçalaryò awtory. Has dogrusy, “Günüò
öýi”, “At gaýraty”, “Pilotkaly gyz” ýaly poeziýa kitaplary Aºgabatda, “Çal, tüýdügim” (“Igraý, moýa dudoçka”), “Dagdanam beýik” (“Wyºe, çem gora”) ýaly
kitapçalary Moskwada çapdan çykdy.
Agageldi Allanazarow diòe goºgy ýazmak bilen
hem çäklenmän, eýsem, soòky döwürlerde çeper proza
bilen hem iº salyºýar. Onuò ýaº ýetginjekleriò
durmuºyndan ýazan hekaýalary, esger durmuºyndan
söhbet açýan “Ýedi däne” powesti hem aýratyn kitap
bolup, okyjylaryò söýgüsini gazandy.
Görºümiz ýaly, çagalar ºahyry hökmünde, prozaçy
hökmünde eýýäm respublikamyzyò çäklerinden
daºarda hem adygyp ugran Agageldi Allanazarow ep-esli iº
etmäge ýetiºdi. ªahyryò ºu eserleriniò Türkmenistanyò
Lenin komsomoly baýragyna hödürlenmegi gutlamaly,
oòlamaly hadysa.
ªahyryò “Enemiò äýnegi” atly goºgusy çaga dili
bilen, çaga psihologiýasy bilen ýazylan. Bu goºgyny
belli rus ºahyry Lew Oºanin metbugatda örän dogry
öwüpdi. ªeýle sada, ºonuò bilen birlikde çuò manyly,
örän synçylyk bilen ýazylan, fantaziýa baý goºgular
ºahyryò döredijiliginde baºga-da kän. ªahyryò “Ylgap
barýan” diýen goºgusy hem örän täsirli. “Men mamamlara tarap ylgap barýan weli, mamamlaò obasy hem
maòa tarap bärik ylgap, howlugyp gelýär” diýilýän
pikiri öz içine alýan bu goºguda çaganyò ruhy ahwalatyna örän çeper, psihologik nukdaý nazardan
405
düºünmek bolýar. Liriki gahrymany hem, obany hem
hereketde synlaýarys. Sebäbi oglanjygyò ýüreginde höwes
hem mamasyna bolan söýgi bar, mamasy hem agtygyny söýýär. Ine, ºu ýakynlyk uzakda duran obany
herekete getirýär.
ªahyryò giperbolasy bizi ertekiler dünýäsine äkidýär.
ªeýle ýagdaý türkmen halk ertekisinde köp gabat gelýär. Diýmek, ºahyr halk döredijiligini oòat bilýär, ondan ussatlarça, täzeçe öwüºginler tapýar. “Taýak iýmek”
diýen söz düzümi ºu ýerde örän jaýdar ulanylýar. Bu
bolsa çaga “Et iýmek” bilen “Taýak iýmek” diýen
aòlatmalaryò aýra-aýra zatlygyny düºündirmäge kömek
edýär.
ªahyryò ºunuò ýaly oòat goºgularyndan kän mysallar getirmek mümkin. ªahyryò suratkeºlik bilen ýazan
“Tolkunlaò güwläp gelýän ýerinde”, “Meniò reòklerim”, “Gezelenje gelen Aý”, “Ýol”, “Sary gawun”,
“Ýagyº ýagýar”, “Çabga”, “Nurynyò galamy” ýaly
onlarça goºgularynda, “Ene tokaý hem pil basan hakynda
erteki”, “Ýyldyzyò ýoly” diýen poemalarda çaga durmuºy,
çaga häsiýetleri örän inçeden yzarlanýar. ªahyr tebigata hem çaganyò gözi bilen seredýär. Ine, mysal:
Seretdi ol depeden
Alaòlaryò gerºine.
Ak ºöhleler guº bolup
Gondy çöpe, kirºene.
(“Gezelenje gelen Aý”)
406
ªahyryò goºgularyndaky nowella äheòlilik, synçylyk, suratkeºlik, diliò çeper seriºdelerinden ussatlyk bilen
peýdalanyp bilmek onuò proza eserlerine hem geçipdir.
Çagalar üçin ýazylan eserlerde iò zerur bolan zatlar
ºahyryò çagalar dünýäsine çuò aralaºýandygyna, olaryò
ýüreklerinde orun alýandygyna ºaýatlyk edýär. ªahyryò eserlerinde terbiýeleýjilik äheòi güýçli. Ýaº nesli
kommunistik ruhda terbiýelemek barada partiýamyz
hem hökümetimiz ummasyz kän alada edýär. ªol aladanyò, ºol terbiýäniò bir pudagy bolsa çagalar edebiýaty. Çagalar edebiýatynda yhlas bilen zähmet çekýän
ºahyryò eserleri ºol umumy iºe goºantdyr. Agageldi
Allanazarowyò çagalar üçin ýazýan iò oòat eserlerine
Türkmenistanyò Lenin komsomoly baýragy berilse, çagalar hem, biz hem begenerdik.
ATAMYRAT ATABAÝEW,
ºahyr, Türkmenistanyò Lenin komsomoly
baýragynyò laureaty. “Mydam taýýar”.
MERTEBÄ MYNASYP ªAHYR
Moskwanyò Alekseý Maksimowiç Gorkiý adyndaky
edebiýat institutynyò uçurymy Agageldi Allanazarow
öz stilini, öz poçerkini tapyp, soòky ýyllarda diýseò
önjeýli iºläp, okyjylar köpçüliginiò, edebi jemgyýetçiligiò,
tankydyò gowy bahasyna mynasyp boldy. Onuò “Altyn ºöhle” (Ýygyndy I. Pudakow bilen ºärikdeº çap
edildi). “At gaýraty”, “Ýedi däne”, “Pilotkaly gyz”,
“Iner ýüki”, “A” ýazýan” kitaplary türkmen okyjylaryna gowuºsa, “Malyº” hem “Detskaýa literatura”
407
neºirýatlarynyò çapdan çykaran “Igraý, moýa dudoçka”, “Wyºe, çem gora” kitaplary Bütinsoýuz okyjylaryna ýetirildi. Agageldiniò goºgularydyr hekaýalary gazak,
ukrain, özbek, belorus, gyrgyz, ºeýle hem wenger, “Iner
ýüki” powesti bolgar diline terjime edildi. Agageldi
Allanazarowyò goºgulary, powestleri merkezi gazet- urnallarda hem yzygiderli berlip dur.
Gowy ºahyryò döredijiliginiò öz dünýäsi, öz howasy, öz tebigaty, öz gahrymanlary bolýar. Agageldiniò
isle öz poeziýasyny, isle prozasyny okaò, onda hol
alyslardan dumanlap görünýän Hinduguº dagy, ondan
lagly-göwhere berimsiz daºlary ýoluna düºenip sallanjyrap düºüp gelýän Murgap derýasy, ýel-ýagmyryò
sypalaý-sypalaý owadanlan baýyrlary, düòle çöli oýaryp, güsürdeºip geçip giden ýylky sürüsi, atlas ýaprakly
pisse agaçlary, umuman, Pendi etrabynyò, türkmen
topragynyò gözellikleri göz öòüòize ýaýylar-da, ºadyýan ak köýneklije oglanjyk janlanar. ªahyryò fantaziýasy näçe baý bolsa, onuò “toslamalary” ºonça-da
ynandyryjy bolýar. “Aýagy çepeklije”, ak köýneklije
oglanjyk goòºy oba — mamalaryna gezelenje barýar.
Özem ylgap barýar. Onuò mamasyny göresi gelipdir.
Birdenkän obaò özem
Ylgaberdi maòa bakan.
Men-ä barýan mamamlara,
Oba nirä howlugýarkan?
Oba, elbetde, oglanjyk bilen duºuºmaga howlugýar.
Ýene bir goºgusynda ºol oglanjyk öz öýlerinden çykýan
408
ýoly kowalamaga baºlaýar. Ýol gaçýar, oglanjyk kowalaýar. Ýol kä ýapa ýarmaºyp, kä pes aºak inip gaçýar.
Esli gaçansoò
Ýadady, irdi.
Baryp Marallaò
Öýlerne girdi.
ªahyryò fantaziýasy oba-da, ýola-da jan berýär-de,
çagalaryò pikir ediº dünýäsine täze bir penjire açyp
goýberýär. ªol ak köýneklije oglanjyk eºegine ot ýükläp
gelýär. Ol çaga göwnüne ýeterden haýal ýöreýär, ine,
ºonda oglanjyk dilli tüýdügine ýapyºýar, ºeýdibem ol
dessine gelýär.
Dülli-dülli,
Dülli-dülli.
Öýe ýetdik —
Indi boldy.
Günleriò bir güni ºol oglanjyk çabgada galýar.
Oglanjyk süllümbaý bolup öýlerine ylgaýar, ýyldyrym
çakýar, gök gürleýär. Oglanjyk bolsa suw-seleòiò içinden ºapadaòlap gelºine, çabga janly zat hökmünde
seretýär. Goºgy:
Kowalap geldi ol
Öýmüze çenli —
— diýibem tamamlanýar. Agageldiniò bu baý fantaziýaly, alçak, akylly, göwnaçyk liriki gahrymany ºeýdip
goºgudan-goºga geçýär, goºgudan-goºga ulalýar, iò gowy
tarapam kämilleºýär.
409
Ol oglanjyk “Ýyldyzyò ýoly” atly poemasynda diýseò romantik, “Nur paýlaýan oglan” atly poemasynda
bolsa diýseò bilesigeliji. Oglanjygyò öz gyzykly dünýäsi,
Welnar aga ýaly agasy, Jemal eje ýaly mamasy,
paraºýutçy Miºa ýaly dostlary bar.
Çagalar goºgulary diòe çagalar üçin ýazylmaýar,
sebäbi uly adamlaram käte çagalygyna gaýdyp barmak
isleýärler. Uly adamlaryò hakydasynda çagalygy ýaºaýar
ahyry. Eger çagalar goºgularyny okan ulular biparhlygyna galsalar, onda ol goºgular gowy çaga goºgulary
däldirler.
Bir ºadyýan bagºy syçan
Dutar çaldy, aýdym aýtdy.
Ony görüp myr-myr piºik,
Törden telesahna gaýtdy.
ªirin-ºirin aýdym diòläp,
Myr-myr derrew meýmiredi.
“Müò ýaºa sen, bagºym!” diýdi,
Alkyº aýtdy, baº yrady.
Gutaransoò täsin konsert,
— Sag bol — diýdi —
güýmäniòe!
Hemem ºeýle begendi ol
Bu syçany iýmänine.
Bu goºgyny okan körpeler bilen bir hatarda uly
adamlaryòam kalbynda ºatlyk duýgusynyò oýanandygy
ikuçsyz.
Agageldiniò poeziýasynyò juda baý fantaziýasy,
güýçli simwolikasy, çuò hem sada filosofiýasy bar.
410
Çeper detallar, meòzetmeler, obrazlar diýseò ºahyrana
ulanylýar. ªahyr her pikiri özüçe, täzeçe aýdýar. Bu
bolsa Agageldiniò goºgularynyò ýadyòda galmagyna
getirýär. ªahyryò türkmen halk döredijiligini çuòòur
bilmegi onuò goºgularynyò diliniò ýeòil bolmagyna,
halky bolmagyna ýardam edýär. “Lukman, çöl, dertli
aýy hakynda”, “ªir hakynda erteki”, “Köºek bilen ala
top” ýaly erteki-poemalary ºahyryò fantaziýasy tarapyndan ýazylan ertekä däl-de, halk döredijiligine çalym
edip dur.
Agageldi Allanazarowyò “Ýedi däne” powesti prozada
ilkinji synanyºygy. Ýaº desantçy-esgeriò durmuºyndan
ýazylan ýumora baý gyzykly bu powest diýseò ºahyrana ýazylypdyr. “Iner ýüki”, “Gyr atyò howalasy”
powestleri, “Alabaý”, “Goja”, “Çöl balladasy” , “Çöl
kanuny”, “Urºa giden adam”, “Prometeý” ýaly özboluºly
hekaýalary ýaºlaryò arasynda bolýan edebi jedellerde
köp ýüzlenilýän eserler. “Goja” hem “Çöl balladasy”
hekaýalarynda türkmen tebigatynyò, haýwanat düýäsiniò
ajaýyp kartinasy çekilen bolsa, “Ýedi däne”, “Iner
ýüki” powestlerinde ynsan häsiýetleriniò galereýasy bar
diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. “Iner ýüki” powesti
direniºip duran atlaryny fronta iberip, boºap galan
obada “wagtyndan ir ýetiºen” nesliò wekili Ýazly hakynda
söhbet açýar. Ýazlynyò kakasy iºçi batalýonynda, agalary
Döwlet, Nurly, Agamyrat, Sähetmyrat dagy uruºda,
hojalykbaºy bolup Ýazly galýar. Ol kiºi kimin kolhozda
iºlemeli, okuwyny okamaly, gijeler körek arassalamaly,
maºgala aç galmaz ýaly derýa çeòòegem atmaly... Garaz,
411
onuò iºi baºyndan agdyk. Elbetde, uruº ýyllarynyò
oglanjyklarynyò ykbaly hakynda ýazylan powestlere
mahsus ähli kynçylyklar, borçlar, aladalar Ýazlyòam
baºynda bar. Emma her bir kynçylyk bilen göreºýän
Ýazlyda mert ýigitlere mahsus namys duýgusynyò oýanmagy, ºol duýgy bilen azgynlyga meýilli sklad müdiriniò öòünde dag kimin durmagy Ýazlynyò obrazyna
bütewilik beripdir. Gaýduwsyzlyk, edenlilik, batyrlyk
Ýazlyny gowy dostlaryò birine öwürýär.
Milli kolorite, milli häsiýete baýdygy, ýönekeý, sada
dilde ýazylyp, uly meseleleri gozgan bu eser, öò belläp
geçiºimiz ýaly, rus hem bolgar dillerine terjime edildi.
Agageldi ulular üçinem goºgy ýazýar. SSSR-iò döredilmeginiò 60 ýyllygy mynasybetli geçirilen edebi konkursda onuò “Gyzyl oduò uçguny” poemasy üçünji baýraga mynasyp boldy.
Agageldi Allanazarow öz goºgulary bilen kä çagalar
bagynda, kä pionerler köºgünde, kä kolhoz-sowhozlaryò
meýdan düºelgelerinde çykyº edip, okyjylaryny geljege
bakan alyp barýar. Atalaryò rewolýusion däbini dowam
etdirjek leninçi nesli taýýarlamak üçin döredýär, zähmet çekýär. Onuò iki ýygyndysyny rus diline terjime
eden görnükli rus ºahyry Ýakow Akim: “Men Allanazarowyò poeziýasyna aýratyn sarpa goýýaryn, sebäbi
ýürekden ýazylan, halky, milli kolorite baý. ªeýle
goºgularyò biziò körpe okyjylarymyza zerurlygy üçinem
men Agageldiniò goºgularyny terjime edýärin” diýipdi.
Agageldiniò kitabyna sözbaºy ýazyp, ºahyryò poeziýasynyò rus okyjylaryna ýetmegi üçin aladalanypdy.
412
Talantly Agageldi Allanazarowyò ideýa taýdan sagdyn, aktual problemalary gozgaýan, kommunizm gurujy ýaº nesliò ruhy dünýäsini baýlaºdyrýan, täze
gözýetimler açýan, filosofiki pähimlere ýugrulan “Ýedi
däne”, “Iner ýüki” powestleri, çagalygynyò gyzykly
dünýäsinden söhbet açýan “At gaýraty”, “Pilotkaly
gyz”, “A” ýazýan” ýaly kitaplarynyò her biri hakynda
metbugatda birnäçe makalalar ýazyldy. ªu kitaplar
Türkmenistanyò Lenin komsomoly baýragyna hödürlenmegini tüýs ýüregimizden makullaýarys. Agageldi
ºol mertebeli ada mynasyp ºahyr.
NOBATGULY REJEBOW,
ºahyr.
Mart - 1983 ý. “Ýaº kommunist”.
ÖZ ÝYLDYZYÒY TAP
Bu kitabyò daº ýüzünde, wepaly atynyò üstünde
gumuò ýaºaýjysy suratlandyrylypdyr. Onuò ýanynda
özleriniò iºçi geýimlerindäki ýaº mehanizatorlar, ak
halatly sagymçy aýal, kölegede dynç alyp ýatan köºejik
we oýna gyzygan kiçijik güjüjek. Agageldi Allanazarowyò goºgular ýygyndysyndaky ýaº gahrymanlary
dünýä inen gününden baºlap, hut ºu ýokardaky suratlandyrylan durmuºda ýaºaýar.
At, düýe we güjüjek — onuò wepaly hemralary.
Ynamly dostlary bolan — ulular, elmydama onuò
ýanynda. Öz iºlerine ussat bolan ºu adamlardan oglanjygyò tälim alasy gelýär. Kitabyò adam ºundan gelip
413
çykýar, ol rus dilinde çapdan çykan “Men ussatlaryò
arasynda” diýlip atlandyrylýar.
Ussatlaryò kitabyò daº ýüzünde suratlandyrylmagy
ýöne ýerden däl. Bir damja suw Günüò ºöhlesiniò
görnüºi dek, ºahyr hem goºgularyndaky wakalary öz
ºahsy durmuºyndan alýar. Ol Murgabyò kenar ýakasynda
ýerleºen obada, köp çagaly maºgalada ösüp-ulalýar.
ªahyryò kakasy mehanizator bolupdyr. ªu sebäplem
özüne ýakyn bolan tebigaty hakykatdan alyp ºekillendirýär.
Goºgularyò köpüsinde ºahyr öz ene topragyna guºuò
uçuº belentliginden garaýar. “Daòyò atmagy” atly
goºgusynda guºlar barada ýazýar. “Dag” goºgusynda
oglanjyk bulutlardan-da has ýokary depä münmek
arzuwyny ýüreginde besleýär. Agageldi Allanazarowyò
baºga bir goºgusy “ªemaly kowup ýetmek” diýlip
atlandyrylýar.
Marallaryò yzyna seretmäni kiçijik gahryman ilkinji äden ädiminden baºlaýar, ºeýlelikde, ol zähmete
uýgunlaºýar. Soòra oglanjyk enesine we atasyna güýjüniò
ýetdiginden kömek edýär. “Men ussatlaryò arasynda”
diýlip atlandyrylan we ºonuò bilen birlikde, kitabyò
umumy adyny beren goºgusynda, kiçijik gahryman
ulularyò, esasanam, traktorçynyò, sagymçynyò we çopanyò ýerine ýetirýän iºleri barada oýlanýar. Özüne
galanda bolsa, ol suwçy bolmagyò arzuwynda, sebäp
diýseò, biziò yssy ülkämizde bu käriò ähmiýeti örän
uludyr. Adamlara gerekli bolmak — munuò özi aòsat
iº däl, onuò üçin ýadawsyz we tutanýerlilik zerurdyr.
414
ªu zatlar hakynda ºahyr “Ýyldyzyny tapar” atly
goºgusynda oýlanýar. Formasy boýunça bu goºgy ertekä
golaý. Her agºam çagy, kölüò ýakasynda oturyp, Ylýas
atly oglanjyk ýyldyzlaryò suwuò içinde ºöhleleniºini
synlaýar. Ylýasda ºol ýyldyzjyklary eliniò aýasy bilen
susup almak hyýaly döreýär, emma ol ýüzmäni bilenok. Muòa garamazdan, ol maksadyndan dänenok.
Gaýtam, gorkusyndan üstün çykyp, birnäçe günüò
dowamynda ol irmän, ýadaman, suwuò üstünde saklanmany öwrenýär, emma ýyldyzlar el ýetmezlikde galýar.
Agageldi Allanazarowyò ýaº okyjylara edýän ýeke-täk arzuwy — durmuºda öz ýoluòy, öz ýyldyzyòy
tapmak.
Biziò gürrüòini eden goºgularymyzy Ýakow Akim,
Wladimir Orlow we beýleki görnükli çagalar ºahyrlary
rus diline terjime edipdirler.
L. SEMÝONOWA.
15-nji dekabr - 1987 ý. “Mydam taýýar”.
AGAGELDI ALLANAZAROWYÒ “BIR BAR EKEN”
DIÝEN AT BILEN TAÝÝARLAN GOªGULAR KITABYNA
SYN. “MAGARYF”, 1987, 10 Ç/L.
A. Allanazarow çagalar ºahyry hökmünde eýýäm
ykrar edilen adam. Onuò Aºgabatda we Moskwada
ýörite çagalara niýetlenilip neºir edilen eserlerini körpe
okyjylar höwes bilen okaýarlar.
Bir bar eken... onuò bu ugurda taýýarlan täze
saldamly kitaby. Men ony ünsli okap çykdym.
415
Ozaly bilen tutuº kitabyò ertekiçilik ruha ýugrulandygyny, onda ençeme erteki-goºgynyò we erteki
poemanyò ýerleºdirilendigini, erteki däl häsiýetli ºygyrlarda hem olara, köplenç, simwolik predmetleriò
gatnaºdyrylýandygyny — ösümlikleriò, haýwanlaryò,
tebigat bölekleriniò jana, zybana getirilýändigini, ºeýle
bolansoò olaryò-da ºol umumy ertekiçilik ruha belli
derejede ýakynlaºýandygyny aýdasym gelýär. Bu ýagdaý kitabyò adynyò jüpüne düºendigini, onuò tutuº
kitabyò içindäki goºgularyò, poemalaryò mazmunyna
laýyk gelýändigini hem alamatlandyrýar.
A. Allanazarow näme hakda gürrüò etse-de, öz
diýjek bolýan pikirini, ol ýa-da beýleki predmetiò
suratyny çekmek bilen, ºeýdibem ony çaga üçin kabul
ederlikli ýagdaýda orta atýar. Bu megerem, onuò çagalar ºygyrlarynyò özboluºly taraplarynyò biridir. Her
hal onuò “Bir bar eken”, “Kyn klas”, “Iò oòat pasyl
haýsy” (dört goºgy), “At gaýraty”, “Meniò reòklerim”,
“Gezelenje gelen Aý”, “Possunly paraºýutçy”, “Habar
beräýiò”, “A” ýazýan”, “Gün”, “BAM-da bolan waka”,
“Awda”, “Biziò krokodilimiz”, “On obadan kowlan it”,
“Säher-säherler” ýaly onlarça goºgularynyò körpe okyjyny
biparh goýmajakdygy welin hakykat. Onsoòam bu
goºgularyò aglabasynda ýaºajyk okyjy pikirlenende
pikirlenen ºekilli pikirlenmäge mejbur edýän çeperçilik
tärler bar. On obadan kowlup, soòam tokaýa gidip, ºol
ýerde uzak wagtlap ýaºan we ýabanylaºan, tokaýdan
çykanda hakyky möjege öwrülen (häsiýet göz öòünde
tutulýar) it, eýsem, okyjyny durmuº hakda ymykly
416
oýlanmagyny hasyl etmeýärmi näme? ªunuò ýaly
goºgulary, adatça, çaga üçin agyr, düºünmesi kyn hasaplaýarlar. Meniò pikirimçe, ºeýle garaýyº nädogry. ªol
nädogry garaýºa hatda azy ýaran çagalar ºahyrlarynyò-da gulak gabardyp ýörmegi çagalar poeziýasyny has
beter emelileºdirýär, ony juda pes derejede sadalaºdyrýar.
A. Allanazarowyò täze taýýarlan bu goºgular
kitabynyò tematiki gerimi gaty giò. ªygyr ölçegleriniò
ululyk-kiçilik derejeleri, formalaryò baºga-baºgalygy oòat
täsir galdyrýar. ªu ýagdaýlar okyjynyò kitaby okaýarka ýadamazlygyna ºertler döredýär. ªularyò esasynda bellemeli zat — goºgularyò ideýa taýdan sagdynlygydyr, olaryò öwredijilik tarapydyr. Ideýa näçe maòza batnykly bolsa, ol eseriò täsirine täsir goºýar.
ªahyryò kitabynda entek üns bermeli ýagdaýlar
hem bar. Garpyz, düýe, piºik, ºemal, Gün hakda birnäçe
goºgy bar. ªolar hakdaky pikirlere hut ºeýle at goýulmadyk goºgularda hem gabat gelinýär. Biziò pikirimizçe, ºol bir temadaº goºgulary tutuºlygyna kitaba
girizmek bilen awtor utuº gazanmaýar. Gaýtam, ol
kitabyò umumy gymmatyny peseldýär. ªeýle hem awtor
ýerliksiz gysgaltmalara (meò, seò, çozºy, günmüz, garaºlan,
giders, gelýändirn, lowurdysna we º.m.) ýol berýär. Indi
kämilleºdi diýip ýören awtorymyzyò ºeýle gysgaltmalara ýol bermegi gelºikli däl. Çagalar poeziýasynda
diliò arassalygyna näçe üns berilse, ºonça-da gowudyr.
Bu zatlara täzeden göz gezdirmelidir. Hökmany suratda
defisli ýazylmaly sözlerem öz belligi bilen ýazylmaýar.
Tutuº golýazmadaky bu ýagdaý ýakymsyz täsir galdyrýar.
417
ªahyryò wagtal-wagtal kapyýa (owaz) meselesine geleòsiz
çemeleºýändiginem aýdalyò. “Eý, görip” diýen söze
“Güm bolup” kapyýa bolup bilermi? “Telim” sözi
“bilen” sözi bilen owazdaºmy? Elbetde, ýok.
Aslynda täzelik görünmeýän ºygyrlar-da bar. “Beýik men”, “ªalgam” goºgulary, suratçynyò özünden öò
Günüò suratyny çekýän çeºme hakdaky goºgular ºolar
ýalydyr.
Dogry, “ªalgam” diýen goºguda awtor ile belli
ertekini durmuº bilen ýakynlaºdyrmaga çalyºýar. Her
halda-da ol ºol ertekiniò öz täsirinden artyk täsir
döremeýär. “Diktant”, “Ýolbars”, “Güzerde”, “Garga
bilen bolan gürrüò” ýaly ºygyrlaryò soòky bentleri
täzeden iºlenilse, güýçlendirilse gowy boljak. Mysal üçin,
“Ýolbarsyò” soòky bendi:
Gaºyna ýakmadygyò
Bada-bat iºi gaýdýar.
“Ýolbars-ýolbars — diýilse
Özüm ºolmukam öýdýär.
Hiç neneò däl. ªeýle-de bolsa bu bent:
Göwnüne ýakmadygy
Kowalap ýör, kowup ýör,
“Ýolbars-ýolbars — diýilse,
Men ºolmukam” diýip ýör
— görnüºde alynsa gowy boljak ýaly. Goºgular
barada ýene birnäçe bellik etmek mümkin. Men olary
originala galam bilen belleºdirdim.
418
Kitaba “Ýyldyzyò ýoly”, “Köºek bilen ala top”,
“Kerim bilen bal arylar” ýaly poemalar girizilipdir. Bu
poemalar çeperçilik taýyndanam, wakalaryò baglaºygy
we gowy aýdyòlaºýandygy bilenem ºowly çykypdyr.
Sözümizi jemläp aýtsak, A. Allanazarowyò “Bir bar
eken” goºgular ýygyndysy kitap edilip çykarylsa, ol
ýaºajyk okyjylaryò söýüp okalýan kitaby bolar diýip
pikir edýäris.
AHMET MÄMMEDOW.
16.XI.1987 ý.
DÜNÝÄNIÒ ÖZÜNIÒ GURLUªY ªEÝLE: KIÇIJIKLER
KEM-KEMDEN ÖSÝÄRLER, ULALÝARLAR
Biz öz ýurdumyzda çagalar ýazyjylarynyò iò gowularynyò biri Agageldi Allanazarow diýýäris. Onuò iò
gowularyò biridigini indi ýazyjy-ºahyrlaryò hemmesi-de
ykrar edýär. Ýöne onuò iò gowulygyny her kim özüçe
görýär. Munuò bolmalysy hem ºeýle, çüòki edebiýat
diýlen düºünje geometriýadaky teoremalar ýa-da filosofiýadaky kada-kanunlar (ºularsyzam-a döränok weli) bilen
döränok, ol özüniò emosional güýjüne baýrynýar. Emosiýa
hem her kime bir hiliräk täsir edýär, her kimde bir
hiliräk döreýär.
Edil beýlekiler ýaly, ony menem özümçe gowy
görýärin. Nähili? Türkmenistany menem gowy bilýärin,
ýöne Agageldi Allanazarowyò çagalar üçin ýazan eserlerini okamsoò, Türkmenistany ikinji gezek tanaýaryn.
Türkmenistan diýlende, köp kiºi derrew uç-gyraksyz
ümmülmez Garagumy göz öòüne getirýär. Dogry edýär.
419
Sebäbi ýurdumyzyò esasy bölegini Garagum eýeleýär.
Ýöne Garagum bize asmandan inen üýtgeºik dünýä däl,
ol Ýer ºary diýlen uly dünýäniò bir künjegi. Onuòam
ozüniò delje-delje ösümlikler, haýwanat hem pasyllar
dünýäsi bar. Onuòam iki gününiò biri-birine meòzejek
gumany ýok. Garagum wagtyò ygtyýaryndaky giòiºlik,
edil beýleki ýerler ýaly olam her sagatsaýy, günsaýy
üýtgäp, özgerip dur.
Ýöne Türkmenistan diòe Garagumdan ybaratam
däl, onuò bir tarapyny Kaspi deòzi tutsa, serhediniò
beýleki tarapyny Jeýhun jähekläp ýatyr, ilerki serhedini Köpetdag eýelese, gaýra tarapyny gadymy Horezmin
ýanap ýatyr. Bularyò hersi özbaºdak bir dünýä, edil
ºonuò ýaly hem Agageldiniò özüniò dünýä inen etraby,
saryklaryò mekany üýtgeºik bir hazyna — Ýolöten,
Tagtabazar, Guºgy etraplary bahar aýlary ertekilerdäki
lälezarlygy ýatladýar. Ol ýerleriò adamlarynyò sypaty
gyºyò gaýly günleriniò pälwanlaryny ýatlatsa, olaryò
ýüzi baharyò açyklygyny, mähremligini hem ýakymlylygyny, ýürekleri tomsuò yssylygyny, gyzgynlygyny paýlasa, elleriniò bereketliligi güýzüò bolçulygyny ýatladýar.
Agageldiniò gözüni açyp, beýnisini bekeden bereketlerem ºular. Onýyllygy tamamlandan soò ol goºun
hatarynda gulluk etdi. Bäº ýyllap Moskwanyò
A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutynda okady.
Ony tamamlandan soò neºirýatda redaktor bolup iºledi.
ªu döwurleriò hemme-sinde-de ol çagalar edebiýatynyò
420
tebigatyna düºünmäge çalyºdy, eserler ýazmaga taýýarlandy.
Çagalar edebiýaty, elbetde, keçjal, ýalta çagalary-da gözden salmaly däldir weli, ýöne onuò jemgyýetçilik borjy kiçijik gra danlaryò inini-boýuny alºyny,
akyl-huºunyò kemala gelºini, bir söz bilen aýdanyòda
çaganyò ulalyºyny suratlandyrmaly, çaganyò biºiºmegine,
Adam bolup ýetiºmegine kömek etmeli.
Çaganyò öz edähedi bar: ol hiç dek oturmaýar, ol
mydam hereketde. Ol ºol hereketi — gözlegi, agtaryºy,
dogrudyr-u-nädogry hereketleri arkaly gözýetimini
giòeldýär, akyl ýetiriºini baýlaºdyrýar. Çaganyò dirilik
suwy — hereketi. Ine, Agageldiniò çagalar üçin ýazýan
goºgularydyr poemalaryny, hekaýalardyr powestlerini
okap, men ºu hakykata göz ýetirýärin. Ol hiç haçan
çagalara moral okanok, ahlaky öwütler goºgynyò umumy
ruhundan görünýär.
Ynha, onuò, “Ýylyò iò gowy pasly haýsy” diýen
sowalyò üstünde oýlanyºyny alyp görüò. Her paslyò öz
hysyrdysy, öz lezzeti bar. Diýmek, olaryò hersiniò öz
gerek ýeri bar, olaryò hemmesi-de gerek, hemmesi-de
gowy. Ýa-da “Ýa spraºiwaýu” (“Soraglar”) goºgusyny
alyp görüò. Gündiziò näme üçin ýagty bolup, gijäniò
näme üçin garaòky bolýandygyny, garryja eneleriò,
garry atalaryò nireden döreýändigini, guºlaryò uçup,
eºegiò näme üçin uçmaýandygyny
bilmegem çaga
üçin hem-ä hökman, hemem kyn. Çaga ºol hökmanlyklaryò, kynçylyklaryò içi bilen geçip gidip, olaryò
hemmesini ýekeme-ýekän aòyna siòdirip, özleºdirip ul421
alýar, adam bolýar. ªeýdibem ol ertirki günüò ähli
çylºyrymlylyklarynyò, kynçylyklarynyò ebeteýini tapýan, eminden gelýän Adam bolup ýetiºýär.
ªu günüò çagalar edebiýatynyò ýagdaýy dogrusynda oýlanamda türkmen folklorynyò ynsanyò ajaýyp
häsiýetleri adamkärçiligi bilen birlikde tebigatyò ösümlikler hem haýwanat dünýäleriniò gözelligini adamyò
ºol gözelligiò diline düºüniºini onuò dilini tapyºyny
özüni tebigatyò bir bölegi saýanda adamyò hemmetaraplaýyn ulalýandygyny görmäge kömek edýändigine
göz ýetirýärin. ªu günki türkmen çagalar edebiýaty
edil älemgoºar ýaly dürli reòklere baý, türkmen folklory hem ºol älemgoºaryò iò bir owadan reòkleriniò
biri.
Dogrudanam, biziò türkmen çagalar edebiýatymyzy
folklorsyz göz öòüne getirmek mümkin däl.
Elbetde, eger irki ºahyrlaryò köpüsi dessanlaryò,
ertekileriò sýu etlerini durºy-durºy ýaly gaýtalaýan bolsa
soòky nesliò ºahyrlary folkloryò sýu etlerine baºgaça
çemeleºdiler, olar ony ösdürmäge, baýlaºdyrmaga
çemeleºdiler. Häzirki nesliò ýazyjy-ºahyrlary bolsa halk
döredijiligine hasam erkin çemeleºýärler, olaryò özi
erteki ýasamakdanam gündelik durmuºdaky wakalary
ertekiçilik stilde beýan etmekdenem çekinenoklar. Biziò
okyjylary-myz durºy-durºy ýaly gaýtalanýan ertekileride ösdürip, baýlaºdyrylan erteki-poemalary-da deò derejede
uly gyzyklanma bilen okaýarlar.
ªahyr Agageldi Allanazarowyò «Ene tokaý hem
pilbasan hakynda erteki» atly poemasy hem ºol köne
422
rowaýatlardyr ertekileriò gaýtadan janlanmasydyr.
ªahyrlaryò özleriniò döredýän ertekileri sosial
manysynyò has güýçlüligi bilen tapawutlanýar. Agageldi Allanazarow «Ene tokaý hem pilbasan hakynda
erteki» atly poemasynda degmedige degip, ýaºyl tokaýyò
agaçlaryny owum-döwüm edip ýören pilbasanyò
bidähetligini, ºol bedähetligi zerarly hem onuò tragediýa uçraýºy suratlandyrylýar. Bu poemada meniò gowy
gören bir zadym, gara güýjüne baýrynyp ýören galtamana tokaý agaçlary bilen tokaý haýwanlary berk
gaýtawul berýär. Garºylygyò ºeýle zor salmagy bilen
galtaman pilbasan jeza hakyny alýar.
Türkmen çagalar edebiýatynyò, ylaýta-da, onuò poeziýasynyò ýene bir häsiýetli tarapy dogrusynda gürrüò
etmezlik mümkin däl. Biziò ºahyrlarymyz ºu günki
çagalaryò durmuºyndan ýazýan eserlerini-de ertekiçilik
stilde ýazýarlar. Olaryò ºoòa ýykgyn etmekleriniò sebäbi düºnükli, olar ertekiçilik stilde ýazylan eserleri çagalaryò höwes bilen okaýandygyny, ºeýle eserleriò gowy
hem ýeòil özleºdirilýändigini bilýärler. Eger ºahyr öz
okyjysynyò çeperçiligiò dadyny bilmeginiò, onuò ösmeginiò aladysyny edýän bolsa, onda ol folklorçylyk
stiliò çäkli taraplarynyò galypyny döwýär, ony giòeldýär.
Agageldi Allanazarow hem ºeýle ºahyrlardan. Ine, onuò
ertekiçilik stilde ýazan «Ýyldyzyò ýoly» poemasyny
alyp görüò. Aglaba mekdebe çenli ýaºly çagalar üçin
ýazmagy halaýan A. Allanazarow bu poemasynda hem
hemiºeki endigine görä çaganyò tebigata gatnaºmagyny
onuò tebigatyò edähetlerine düºünmäge yhlasynyò ösüºini
423
iº edinipdir. Poemanyò baº gahrymany Ylýas her gün
agºam kölüò kenaryna gelip, suraty suwa düºýän
ýyldyzlary tutjak bolup görgi baryny görýär. Bir gün
ýa-da üç gün gatnanok, Ylýas ýyldyz tutmak üçin
ençeme aý köle gatnaýar. Erjellik ony uly durmuºa
taýýarlaýar, çaga hemme zada — arzuw-umytlara-da
diòe irginsiz zähmet bilen erjellik bilen yhlas bilen
ýetmeli-ow diýen uly hem ýeke-täk hakykata göz
ýetirýär.
Çaga çagalykdan zähmete endik etmeli, ýogsa, onuò
çagalygy çagalyga meòzemeýär. Çagalygy bolmadyk
çaganyò oglanlygy-da gönençli bolmaýar, düzüwli oglanlygyò bolmasa, ýetginjekligiòem, ýaºlygyòam we º. m.
birkemsiz bolmaýar. ªonuò üçinem Agageldiniò çagalara niýetlän eserlerinde biz çagalygyò özüne laýyk
gelýän fiziki hem akyl zähmetini görýäris. Gepiò gysgasy, onuò goºgularynda hemme zat hereketde, ösüºde.
Ol biziò ertirki günümiziò ullakan adamlaryny ºu
günden taýýarlap ugraýar. Munuò bolmalysy ºeýle.
Çünki dünýäniò özüniò gurluºy ºeýle: kiçijikler kemkemden ösýärler, ulalýarlar.
SAÝLAW MYRADOW,
Türkmenistanyò Magtymguly
baýragynyò eýesi.
1984 ý.
ªIRIN ªYGRYÒ ªEÝDASY
Birnäçe ýyl mundan ozal men öz depderime “Iò
soòky balyk” atly örän gyzykly, sünnä bilen ýazylan,
424
täsin goºgyny göçürip alypdyryn. Bu goºguda bir oglanjyk
deòziò kenaryna baryp, balyk tutmakçy bolýar. Ep-esli
wagt otursa-da, oglanjyk wagty bilen balyk tutup
bilmeýär. Ahyrsoòy, onuò çeòòegine bir balyjak ilýär.
Ýöne muòa begenmegiò ýerine oglanjyk:
Galan däldir, belki,
Bu suwda balyk.
Göwnüme ºu balyk
Iò soòky ýalak.
— diýip pikirlenýär. Goºgy ºeýle tamamlanýar:
Beýle kiçi bolman,
Bolsun dag ýalak.
Nämä gerek maòa
Iò soòky balyk.
Soò oglanjyk ºu pikir bilen öz tutan balyjagyny
suwa goýberýär. Onuò bu hereketi goºgyny okap bolan
badyòa sende ýylgyrma döredýär. Ýöne ºol bir wagtyò
özünde oglanjygyò bu çaga hereketi seniò kalbyòda
kanagatlanma duýgusyny oýarýar. Oglanjyk öz dözümsizlik häsiýeti bilen seniò öòüòde bir gez beýgelýär.
Eýsem-de bolsa ynsany bezeýän iò ajaýyp häsiýetler
onuò dözümsizliginden baºlamaýarmy näme?! ªahyr
Gurbannazar Ezizowyò belleýºi ýaly: “ªeýle terbiýeçilik ähmiýetli ºygyrlar ýaº çagalar üçin däl, eýse ulular
üçin-de örän gymmatly”.
Ynha, ýene-de bir goºgy. Bu goºgynyò gysgajykdygy
üçin, ony dolulygyna alsak has-da ýerlikli boljak.
425
Jemal
Bir akja mata
Getirdi Jemal.
Iòòä-de sapak
Ötürdi Jemal.
Keºde hem çekdi
Biraz oturyp.
Çekmekçi boldy
Soòra ol turup.
Çekende mata
Gelmedi ele.
Tikäýen eken
Köýnegi bile.
Bu hem bada-bat ýylgyrdýan goºgularyò biri. ªahyr
çaga durmuºynyò ýylgyrmaga mejbur edýän ºeýle
pursatlaryny görmegi, ºol pursatlary ºygyr setirlerine
geçirmegi baºarýar.
Çaga durmuºyndan ýazylýan goºgularyò kämillik
derejesiniò ýokary bolmagynyò, ilkinji nobatda, olaryò
seni ýylgyrdyp bilýändigi, ºeýle hem ºol beýan edilýän ahwalyò many-mazmunlydygy, terbiýeçilik ähmiýetlidigi, çeperdigi, ýeòill okalýandygy, ýagny labyzlydygy we beýleki dürli çeperçilik seriºdeleriniò
ussatlarça ulanylýandygy bilen baglanyºykly. Bu
goºgular, hut, ºeýle häsiýetleri bilen ýatda galyjy
çykypdyr.
Hawa, bu mysal getiren goºgularymyzyò ikisi hem
bir ºahyryò galamyna degiºli. Olary ýazan zehinli ºahyr,
426
ýazyjy, dramaturg, kinossenarist Agageldi Allanazarow.
Dürli ýyllarda gowy goºgular hökmünde depderime
belläp alan ºygyrlarym diòe bu ikisi bilen çäklenmeýär.
ªeýle ºygyrlaryò arasynda ºahyryò “Çal, tüýdügim”,
“Günüò öýi”, “Meniò reòklerim”, “Enemiò äýnegi”,
“Taýhar”, “Sanawaç”, “Balyjak”, “Köºegiò sargytlary”,
“Tikenli pökgi”, “Bilesigeliji garpyz” ýaly onlarça
goºgulary bar.
Ýazyjy-ºahyryò döredijiligine hemiºe dogry baha
bermegi baºaran zehinli edebiýatçy, tankytçy Saýlaw
Myradow ºahyr Agageldi Allanazarowyò çagalar
durmuºyna degiºli eserleri barada ºeýle ýazýar:
“Çaganyò öz edähedi bar: ol hiç dek oturmaýar, ol
mydam hereketde. Ol ºol hereketi-gözlegi, agtaryºy,
dogrudyr-u-nädogry hereketleri arkaly gözýetimini
giòeldýär, akyl ýetiriºini baýlaºdyrýar. Çaganyò dirilik
suwy — hereketi. Ine, Agageldiniò çagalar üçin ýazýan
goºgulardyr poemalaryny, hekaýadyr powestlerini okap,
men ºu hakykata göz ýetirýärin. Ol hiç haçan çagalara
moral okanok, ahlakly öwütler goºgynyò umumy ruhundan görünýär.”
Saýlaw aga bu setirleri 1984-nji ýylda ýazypdyr.
Agageldi Allanazarowyò ºondan soòky, ºu günlere çenli
çärýek asyryò dowamynda ýazan eserlerine-de halypa
edebiýatçynyò ýokarky sözleri degiºli diýsek öte geçdigimiz bolmaz.
ªahyr Agageldi Allanazarowyò dürli ýyllarda “Günüò
öýi”, “A” ýazýan”, “Üç murtlak kapitan”, “Ertekiler”,
“Bir bar eken”, “ªadyýan harplyk” ýaly çaga
427
durmuºyndan ýazylan ençeme kitaplary neºir edildi. Bu
kitaplara girizilen ºygyrlarda ºahyryò pikir gözlegleri,
çeperçilik seriºdelerini ulanyº aýratynlyklary, ºahyrana
ussatlygy, bir söz bilen aýdanyòda ºahyrçylyk stili ýüze
çykýar. Ol ºygyrlar çagalar durmuºyndan goºgular ýazýan
beýleki ºahyrlaryòka meòzemeýän ºygryýet dünýäsine
aralaºdyrýar.
Heniz dil bilmedik çaganyò ene-atasynyò gürleýän
dilini ýeòil öwreniºi ýaly, kiçijiklikden çeper eser okamak bilen meºgullanýan çaga öz okan zatlaryny çalt
hem hemiºelik ýatda saklaýar. Okaýan eserlerindäki
gahrymanlarynyò gowy gylyk-häsiýetlerini ýeòil kabul
edýär. Çagalar duýgur bolýarlar. Islendik anrda ýazylan eser hökmany suratda çaga üçin gyzykly, özüne
çekiji bolmaly.
Çagany çeper esere höwrükdirmek, ünsüni çekmek
üçin eserde beýan edilýän wakalar mümkin boldugyça
çagalaryò özleriniò durmuºyndan alnan bolmaly. Her
bir beýan edilýän hadysany çagalaryò özlerini gurºap
alýan zatlar bilen baglanyºdyrmaga çalyºmaly. Agageldi Allanazarow bu meseläni hemiºe üns merkezinde
saklamany baºarýan ºahyr.
Enem janyò äýnegi,
Haýran eder hemmäni.
Tapsa bolýar, dakynsaò,
Keçä gaçan iòòäni.
“Enemiò äýnegi”
***
428
Düºmez elimden,
Alaja pökgi.
Her gün meò bilen
Daºaryk çykdy...
Pök-pök-pök-pökläp,
Asmana galýar.
Meniò boýuma
Deòleºjek bolýar.
“Pökgi”
***
Mekdebiò gazetiniò
ªu gezekki sanynda
Meniò bir goºgym çykdy
Suratym hem ýanynda.
Tarypladym piºigi,
(Ýogsam, tema-da kändi.)
Okap beren mahalym,
Özem erbet görmändi.
“Goºgy”
— diýen ýaly setirleri ýokarky pikirlerimiziò ºaýady
bolup durýar. ªahyryò “Diktant”, “Ýene üç günden”,
“ªeýdip tanyºdym”, “Tikenli pökgi”, “Öz öýmüz”, “Dost”
ýaly onlarça goºgularynyò örän täsirli, özüne çekiji
çykmagy gönüden-göni çaga durmuºyna dahyllydygy
hem-de ýatda galyjy pursatlaryò beýan edilýändigi
bilen baglanyºyklydyr.
ªahyr Agageldi Allanazarow öz goºgularynyò aglabasyny çagalaryò ºatlygy, begenji bilen baglanyºdyrmagyò
usulyny tapýar. ªatlyk, begenç ýöne ýerden döremeýär.
429
Ilkinji gezek mekdebe baran günüò, baga ýa-da çöle
gezelenç eden günüò, ýa bolmasa saòa täzeje zatlaryò
satyn alnyp berilmegi...
Maòa köwüº alylar,
Ýöreýºi-de üýtgeºik.
Sagly, çepli — iki dost,
Ýöräp ýörler tirkeºip.
Lowurdaýar süpürseò,
Görseò, gelýär göresiò.
Öý bilen ýol arasyn
ªu gün telim ýöredim.
Ylgap ýetesi gelýär,
Ýolda ulagly görse.
Oturtmady ol meni,
Uzakly gün bir ýerde.
“Täze köwüº”
— diýen ýaly goºgulary ºahyryò galam ýörediº
özboluºlulygyny, islendik wakany görüº aýratynlygyny,
ºol hadysadan, öò belleýºimiz ýaly, ýylgyrdýan, kämil
ºygyr döredip bilýän ussatlygyny ýüze çykarýar. Agageldi
Allanazarowyò ºygyrlarynyò çeperçilik aýratynlyklary
beýan edilende, oòa mysal getirmek isleýän goºgyò
köplenç halatda doly amal bolýar. Sebäbi iki setirde
ýa-da bir bentde pikir doly ýüze çykanok. Ol goºgynyò
tutuº durkundan emele gelýär. Megerem, bu hem çagalar ºygryýetiniò Allanazarowlyk özboluºlylygynyò bir
tarapydyr.
430
Ýokarda mysal getiren goºgularymyz, esasan, çagalaryò öz durmuºlaryndan alnan bolsa, ºahyr tebigat
hadysalary, pasyllary, peýza , Aý, Gün, ýyldyzlar ýaly
uly adamlary-da biparh goýmaýan zatlary hem çagalaryò ýatda galyjy pikirlenmelerine dahylly etmegiò
hötdesinden gelýär.
Gyº haçan bolýar,
Bilmeli nädip?
Gyº ºonda bolýar,
Geýilse ädik!
“Gyº ºonda bolýar”
***
Gün agºam deòze
Batýan ekeni
Balyklar bilen
Ýatýan ekeni.
“Günüò öýi”
***
Daglaò hersi raketa,
Depesinden ýagýar nur.
Kimdir birne garaºyp,
Uçjak-uçjak bolup dur.
“Daglar”
***
Irden kölüò gujagyndan
Topar bulut çykyp gitdi.
Öl-suw bolan geýimlerni,
Üstümize sykyp gitdi.
“Bulutlar”
431
— diýen ýaly setirleri munuò aýdyò mysalydyr. ªeýle
ºygyrlar ºahyryò döredijilik meýdanynyò özboluºly çemenzarlygyny emele getirýär. Ol çemenzarlykdaky güller
tereò, gözel, ysy janyòa ýakymly, ºypaly.
Islendik goºgy, goý, ol ulular hakda bolsun ýa-da
çagalar durmuºyna degiºli bolsun, çeperçilik seriºdeleri,
ýagny epitetleri, materiallar, meòzetmeler... ulanylanda
has çeper, kämil bolýar. Biz ºahyr Agageldi Allanazarowyò baý döredijiligi bilen içgin tanºanymyzda, onuò
ºygyrlarynyò çeperçilik seriºdeleri bilen bezeliºiniò maýyly bolýarys.
Soòky mysal alan goºgymyz “Kölüò gujagyndan
çykan bulutlaryò öl-suw bolan geýimlerini çagalaryò
üstüne sykyp gitmegi” hakdaky pikir ýöretme ºahyryò
suratkeºliginiò, çeper diliniò özboluºly ýüze çykmasydyr. ªahyr Agageldi Allanazarowyò “Deòizde” goºgusynda
“Gämini kowalaýan tolkunlaryò bir-birlerini itiºi”, “Aýy
dagy” goºgusynda “Aýy dagynyò deòze abanyp oturyºy
hem-de ony ýerden gabanyºy”, “Meniò reòlerim”
goºgusynda surat çekýän oglanjygyò “Gara reòkiniò
gije bolºy, ýyldyzlaryòam göçüp gelºi, uklamak isleýänleriò bu ýere gelip ýatyp biljekdiklerini”, “Gezelenje
gelen Aý” goºgusynda “Aýyò bir baýra baºyny goýup
irkiliºi”, “Çabga” goºgusynda “Çabganyò gökden belendi-pesi synlap, daglara garnyny oýkap geçiºi”, “Gämi
we tolkunlar” goºgusynda “Ilki gämini üwräp, soòra-da
ony alyp gaçan tolkunlary” matanyò ýüzündäki keºde
ýaly goºga aýratyn çeperçilik, gözellik berýärler. ªeýle
özboluºlylygy, gözelligi bolsada setirler ºahyrana ºygra
432
öwrülýär, ºeýle ºygyrlary ýazmagy baºarýan adama
“ºahyr” diýip bolýar. Ýasama ºahyr bilen hakyky ºahyryò araçägi ºunuò ýaly kämilligiò ýokdugynda ýa-da
bardygynda ýüze çykýar.
ªahyr goºgularynyò terbiýeçilik ähmiýetini ýokarlandyryp, kämahallar çagalarda bar bolan ýaltalyk,
garagolluk ýaly endiklere ünsi çekmek islände-de bu
hakda gönümel söhbet açman, degiºmäniò, ºortanyò,
aýlawly pikirleriniò üsti bilen ºahyrana pikir ýöredýär.
Ynha, Agageldi Allanazarowyò “Alma” atly goºgusy:
—
—
—
—
Kaka, nirä gitjek sen?
Alma ekjek hol pelde.
Maòa-da görkezermiò?
Gör, köwºüò geýip gel-de.
— Kaka, alma nirede?
— ªu ekýänim alma-da.
— Ol-a nahal ekeni,
Iýäýjekdim, bolmad-a.
Bu goºguda ogly bilen kakasynyò arasyndaky ºahyrana
söhbetdeºlikde çaga hiç hili akyl satylanok, gönümel
öwüt-nesihat edilenok. Almany özüò ekip iýmelidigi
hakdaky pikir goºgynyò tutuº durkundan gelip çykýar.
ªeýle özboluºlylyk hem ºahyr Agageldi Allanazarowa
mahsus ºahyranalyk häsiýetleriniò biridir.
ªahyr “Alma” goºgusyny ataly ogluò sorag-jogabyny
peýdalanyp ýazan bolsa, arassaja Selbijigiò doganynyò
sumkasyndaky bulaºyk haty görüp, ony tämizlemek
üçin ýuwºy hakda söhbet açýan “Selbijik” goºgusy
gahrymanyò özüniò däl-de, baºga biriniò gürrüò ber433
megi usulyny peýdalanyp döredipdir. “Günüò öýi”
goºgusy bolsa liriki gahrymanyò öz gören zadyny gürrüò bermesi esasynda ýazylypdyr. Goºgularda pikir
ýöretmegiò ºunuò ýaly dürli usullarynyò peýdalanylmagy ºahyr Agageldi Allanazarowyò ºygyrlarynyò
köpdügi, özboluºly, ýatda galyjy çykmagyna getirýär.
ªeýle köpdürli häsi-ýetli goºgular hiç haçan ýadatmaýar, olary okadygyòça okasyò gelýär.
ªahyr Agageldi Allanazarow öz goºgularynda ºygryò
dürli gönüºlerini peýdalanýar. Onuò ºygyrlarynda ikileme,
mesnewi, dörtleme, murapbag, rubagy ýaly goºgynyò
görnüºleri köp. ªahyr goºgynyò formasyny mazmunynyò ýüze çykmagyna hyzmat etdirmegi baºarýar.
Mysal üçin, ºahyryò “Köºek” goºgusyna seredip
göreliò:
Parasatly diòin salyp,
Mahal-mahal gäwüº çalyp.
Köºek çölde aýlanyp ýör,
Ýerden esli saýlanyp ýör.
Ýok göwnünde gitsem küýi,
Niräk gitsin? Çöl oò öýi!
Bu goºgy ºygryò mesnewi görnüºinde ýazylypdyr.
Mesnewi görnüºi ºahyryò pikirini, beýan edilýän wakany gowy ýüze çykarmaga hyzmat edýär. Goºgy baryýogy alty setirden, ýagny üç bentden ybarat. Ýöne
muòa garamazdan, ºahyrana pikir özboluºly çaga pelsepesi
bilen doly we düºnükli derejede okyja ýetirilýär.
434
ªahyr goºgynyò ikileme görnüºi bilen dörtleme
görnüºini garyp, ºygyr döretmegiò özboluºly usulyny
ulanýar.
Laý-la, laý-la, laý-la, laý,
Men kiçijik dorja taý.
Barýan ýoldan çapalap,
Yzda goýup obany.
Baýra ýetsem taparyn,
Goýun bakýan babany.
Bu setirler Agageldi Allanazarowyò “Men dorja
taý” atly goºgusyndan alyndy. Bu goºguda ºygryò
ikileme we dörtleme görnüºleriniò gezekleºdirilip ulanylmagy setirleri büdretmän, gaýta olaryò sazlaºygyny,
labyzlylygyny ýokarlandyrýar.
“Görsün” diýip keýikler,
Çykyp dur ol belende.
Buldy sagyp dolduran,
Käseleri elinde.
“Keýigokara” atly bu goºgy dörtleme gönüºinde
ýazylypdyr. Dörtleme ºahyryò döredijiliginde köp duº
gelýän ºygyr gönüºidir. ªahyr bary-ýogy öz pikirini
dört setirde aýdyò aýdýar. Goºgynyò içki sazlaºygy,
ritmi setirleriò akgynly, ýeòil okalmagyna ýardam edýär.
Her bir söz ýatda galyjy. Elbetde, ýokarky pikiri
goºgynyò bäºleme, altylama ýaly görnüºlerinde-de beýan edip bolardy. Ýöne goºgudaky artykmaç sözler,
artykmaç setirler käte goºgynyò kemçiligine-de öwrülip
bilýär. ªonuò üçinem islendik pikiri goºgynyò haýsy
435
görnüºine salyp beýan etseò ýerlikli, täsirli, özüneçekiji
boljakdygyny bilmek hem ºahyryò galam ýörediº kämilliginiò näderejededigini ýüze çykarýar.
ªahyr öz goºgularynda kapyýalaryò hem dürli
görnüºlerini sünnälik bilen ulanýar. Onuò ºygyrlarynda
boºaºa, baºaºa, halkalaýyn, ýanaºyk kapyýalary dürli
röwüºlerde görmek mümkin. ªygyrlarda dürli kapyýalaryò ussatlyk bilen ulanylyºy ºahyryò özboluºly gözleglerini aýdyò ýüze çykarýar. Onuò “meòzedi-müòzedi”, “birgiden-bürgüdiò”, “gözýetim-gazetim”, “öýkünekeýpine” ýaly rifmalary ºahyryò ºygyrlaryna aýratyn
bezeg, gözellik berýär. Bu kapyýalar ºahyryò dürli ºygyrlarynda däl-de, “Atly bolsaò” atly bir goºgusyndan
alyndy. Bir goºguda ºunça owadan, nepis kapyýalaryò
bolmagy, ºahyryò bu ugurdan gadamynyò ºowludygyna
ºaýatlyk edýär. Agageldi Allanazarow köplenç halatda
doly kapyýalar bilen goºgy ýazýar. Doly kapyýalar
ºygyrdaky sözleri has ºirin, owadan sazlaºdyrýar. Köpbogunly, doly kapyýalary tapmak hem-de özgeleridir özözüòi gaýtalamazlyk, sözleri kapyýalaºdyrmakda täzeçil
bolmak beýle bir ýeòil däl. Ýöne ºahyr muny ussatlyk
bilen amal edýär.
ªahyr Agageldi Allanazarow edil goºgularyndaky
ýaly, poemalaryny hem çuòòur mazmuna ýugrup, ºirin
duýgulara ýaýyp, dürli çeperçilik seriºdeleri bilen bezäp
döredýär.
ªahyryò “Pilbasan” eseri sýu etli poemadyr. Bu
poemada Pilbasanyò tokaýdaky beýleki haýwanlary
köseýºi hem-de öz eden nädogry hereketi üçin jeza
436
çekiºi örän çeper, täsirli teswirlenýär. Gowy iº etseò-de,
ýaman iº etseò-de, onuò netijesiniò ahyrsoòy özüòe-de
gaýdyp geljekdigi hakdaky pikir bu poemanyò içinden
eriº-argaç bolup geçýär. “Pilbasan” eseriniò çagalar
üçin terbiýeçilik ähmiýeti uludyr.
ªahyryò “Üç murtlak kapitan” atly poemasy hem
çagalarda ýakymly täsir galdyryp biljek ºahyrana eserleriò biridir. Poemadaky “Ertekeçi piºigiò erteki otaryºy”
bada-bat ünsüòi çekýär. Eserde beýan ediliºi ýaly:
Bar zada ynanyp,
Bar zady geòläp,
Otyr üç piºijek
Erteki diòläp.
Bu üç piºijegiò baºdan geçirmeleri, edýän oýunlary,
bileje gezelenje çykyºlary, radio diòleýiºlari, syýahat
ediºleri poemada ençeme ýatda galyjy, ºahyrana teswirlenen
wakalar toplumyny emele getirýär. Poemany okaýan
çagalar ol piºijekler bilen birlikde bolup geçýän wakalara
gatnaºyjylara öwrülýärler.
Poemadaky:
Mele piºik,
Çiºik piºik.
Mele piºik,
Geýmez eºik.
Sowgy-zady
Duýanok ol.
ܺärin-ow
Diýenok ol... —
437
— diýen ýaly ýeòiljek okalýan setirlerden ybarat sanawajy çagalaryò höwes bilen ýatdan öwrenjekdikleri
gümansyz. Bu piºijekler örän täsin. Olar kämahal diòe
syçanjyklary däl-de, eýsem, göläni kowalamakdan hem
çekinmeýärler. Bu piºijekler özleriniò ºadyýanlygy, ugurtapyjylygy, bilesigelijiligi, batyrgaýlygy bilen ýadyòda
galýar.
ªahyr Agageldi Allanazarowyò “ªadyýan harplyk”
poemasy birnäçe kiçijik goºgulardan ybaratdyr. ªahyr
goºgularynyò üsti bilen harplar barada gürrüò edýär.
Her bir harpda durup geçende, ºol harplaryò kän
gaýtalanýan sözlerini ulanýar. ªol bir wagtyò özünde
ýatda galyjy, kämil goºgular emele gelýär. Ynha, ºahyryò “G” harpy bilen baglanyºykly “Garpyz” atly goºgusy:
Garpyz Güne çoýundy,
Suwdanam içdi doýup.
Indem garnyn sypap dur,
Matros maýkasyn geýip.
ªahyryò “S” harpy bilen baglanyºykly döreden
“Sübse” goºgusy:
“Sübüs-sübüs” ýoly
Syryp ýör sübse.
Oturyp bilenok
Bir bilin bogsa.
Agageldi Allanazarowyò “ªadyýan harplyk” poemasyny ybarat edýän ºunuò ýaly goºgulary gysga sözlüdigi, özboluºly deòeºdirmeleriò, meòzetmeleriò ulanylýandygy, suratkeºligi, degiºmelere baýdygy, sözleriò çeper,
438
ºirin sazlaºýandygy, labyzly okalýandygy bilen tapawutlanýarlar. “ªadyýan harplyk” poemasy çagalara harplary öwretmek ýaly asylly maksada eýerýändigi bilen
birlikde, dürli gyzykly wakalara baýdygy, olaryò ýatda
galyjydygy, çeperçilik taýdan ýokary derejä eýedigi
bilen uly ähmiýeti bardyr.
ªahyryò “Ganatlylar” poemasy watançylyk temasyndan ýazylan uly göwrümli eserleriò biridir. Bu poema
“Ilkinji günler”, “Harby okuwda”, “Ýolda”, “Dynç alyº”,
“Ganatlylar” ýaly goºgular toplumyndan ybarat. “Ganatlylar” eseri sýu etli poemadyr. Eser Ýazgeldi atly
ýigidiò esger durmuºy bilen baglanyºyklydyr. Onuò
esgerlik döwrüniò ilkinji günleri, öz gullukdaºlary, komandirleri, gulluk edýän harby bölümi bilen öwreniºiºi
çeper teswürlenýär. “Ilkinji günler” atly bölümde Ýazgeldiniò samolýotdan paraºýutdan böküºi ýatda galyjy
suratlandyrylypdyr. Poemanyò her bir bölüminde Ýazgeldiniò esgerlik tejribesiniò toplanyºy yzarlanylýar. Diòe
bir Ýazgeldi däl, eýsem, onuò her bir gullukdaºy samolýotdan paraºýutly bökenlerinde “Ganatly esgerleri” ýatlad-ýarlar. Agageldi Allanazarow bu poemasyna hem
ºahyrana ussatlygyny siòdirip bilipdir. “Ak gar däl-de,
desantlar ýagýan asman”, “ªol asmanda emele gelen
paraºýut öýleri”, “Asman bulutlarynyò paraºýuta
gaplanyºy”, “Maºyn sürüjileriniò garaòkynyò hatyny
çyra bilen okaýyºlary” baradaky çeper setirler ºahyryò
galam ýörediº kämilligini ýene bir gezek aýdyòlyk
bilen ýüze çykarýar. ªahyryò “Ganatlylar” poemasy
bir tarapdan, oglanjyklaryò esger bolmaga höweslerini
439
artdyrsa, ikinji tarapdan, çagalarda watansöýüjilik häsiýetini kemala getir-ýär hem-de ösdürýär.
Edebiýatyò baº maksady adama edep hem terbiýe
bermek bolup durýar. Çagalar ºygryýetini hem bu
maksatdan üzòe göz öòüne getirmek mümkin däl. ªu
nukdaý nazardan seredeniòde ºahyr Agageldi Allanazarowyò çagalar durmuºyna degiºli goºgulary örän gymmatlydyr. Gymmatly goºgular bolsa wagtyò geçdigisaýyn
adamlaryò hemiºelik ruhy baýlygyna öwrülýär.
MÄMMETGURBAN MÄMMETGURBANOW.
26-njy dekabr - 2008 ý. “Nesil”.
“ªADYÝAN HARPLYK”
(Agageldi Allanazarowyò döredijiligi barada söhbetdeºlik)
“ªahyr Agageldi Allanazarow öz ýaºajyk dostlarynyò
psihologiýasyny oòat bilýär. Ol çagalar bilen ýürekden
gürrüò edýär. Käte mylaýym ýumora mähir gatyp,
olar bilen degiºýär”.
Lew OªANIN, ºahyr.
“Türkmenistany menem bilýärin, ýöne Agageldi
Allanazarowyò eserlerini okamsoò, ony özüm üçin täzeden
açdym”.
Saýlaw MYRADOW, ýazyjy.
2008-nji ýylyò awgust aýynyò 4-ne belli çagalar
ýazyjysy Agageldi Allanazarowyò 60 ýaºy dolýar.
ªahyr Mary welaýatynyò Tagtabazar etrabynyò
Marçak obasynda eneden bolýar. Ol uly we agzybir
440
maºgalada ösen. Obalaryndaky orta mekdebi tamamlap,
Marydaky mugallymçylyk mekdebinde okuwyny dowam
etdirýär. Moskwanyò A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat
institutyny okap gutarandan soò, neºirýatda redaktor
bolup iºledi. ªu döwürleriò hemmesinde-de ol çagalar
edebiýatynyò tebigatyna düºünmäge çalyºdy, çagalar
üçin eser ýazmaga taýýarlandy. Ol goºgudyr, poemany
gaty kän ýazdy.
Agageldi Allanazarow öz stilini, öz ýazyºyny tapyp,
ºol ýyllarda iºläp, okyjylar köpçüliginiò, edebi jemgyýetçiliginiò, tankydyò gowy bahasyna mynasyp boldy.
Onuò “Altyn ºöhle”, “At gaýraty”, “Ýedi däne”, “Pilotkaly gyz”, “Iner ýüki”, “A” ýazýan” kitaplary türkmen okyjylaryna gowuºsa, “Malyº” hem “Detskaýa
literatura” neºiýatlarynyò çapdan çykaran “Igraý moýa
dudoçka” (“Saýra dilli tüýdügim”), “Wyºe, çem gora”
(“Dagdanam beýik”) kitaplary Bütinsoýuz (ºu mahal
GDA) okyjylaryna ýetirildi. Köp eserlerini gazak, ukrain,
özbek, belarus, gyrgyz, wenger, bolgar hem-de serboharwat dillerine terjime edilip, çap edildi. Agageldi Allanazarowyò goºgulary, hekaýalary, powestleri merkezi
gazet- urnallarda hem yzygiderli berlip durdy. Ol çagalar ºahyry hökmünde Türkmenistanyò çäginden daºary
tanalýan ºahyrlaryò biridir. Onuò köp kitaplary çapdan çykdy. Olaryò hemmesi-de ýaº okyjylara niýetlenendir. Moskwada neºir hem terjime edilen goºgularynyò
ençemesi rus çagalaryna ýetirildi. Onuò goºgularyny
tanymal ºahyrlar Ýakow Akim hem-de Wladimir Orlow terjime ederdiler. Öz gezeginde Agageldi Allanaz441
arow hem olaryò öòünde bergidar bolup galmady. Ol
ºahyrlaryò goºgularynyò birgidenini türkmen diline geçirdi.
Ine, ºeýdip, iki ºahyryò, rus hem-de türkmen ºahyrynyò
dostluk gatnaºygy edebiýat arkaly berkedi.
ªahyr köp baýraklara mynasyp boldy, ine hem
1992-nji ýylda “Bir bar eken...” hem “ªadyýan harplyk” diýen kitaplary üçin Hajy Ysmaýylow adyndaky
baýraga mynasyp boldy.
ªahyryò döredijiliginde bellemeli zat: tebigylyk, synçylyk güýçli. “A” ýazýan” ºygrynda çaga durmuºy,
çaga psihologiýasy juda ýerlikli, ynandyryjy berlipdir.
Heniz mekdebe barmadyk çaga eline hek alyp, harp
ýazmagy öwrenýär. Çaga bilesigelijiligi, çaga höwesi
ony erkine goýmaýar. Ol “A” harpyny maºynyò köne
tekerine, öýüò basgançagyna, agaçlaryò ýüzüne ýazyp
ýör. ªeýdibem, mekdebe barmanka, galam tutmaga,
adyny ýazmaga ymtylýar. Eýsem, bu biziò hemmämiziò baºymyzdan geçmedimi?
...Kyn däl “A” ýazmak,
Ünsli bolsaò,
Hekiò bölegni
Eliòe alsaò.
Eýläk bir aýak,
Beýläk bir aýak,
Ortasyna bolsa
Kiçijik taýak.
(“A” ýazýan”)
Çaganyò öz edähedi bar. Ol hiç dek oturmaýar, ol
mydam hereketde. Ol ºol hereketi-gözlegi, agtaryºy,
442
dogrudyr-u-nädogry hereketleri arkaly gözýetimini
giòeldýär, akyl ýetiriºini baýlaºdyrýar. Ine, Agageldi
Allanazarowyò çagalar üçin ýazýan goºgulardyr poemalaryny, hekaýadyr powestlerini okap, ºu hakykata
göz ýetirýärsiò. Ol hiç haçan çagalara göni akyl satmaýar, ahlakly öwütler goºgynyò umumy ruhundan
görünýär.
Ynha, onuò “Ýylyò iò gowy pasly haýsy?” diýen
sowalyò üstünde oýlanyºyny alyp görseò, her paslyò öz
hysyrdysy, öz lezzeti bar. Diýmek, olaryò hersiniò, öz
gerekli ýeri bar, olaryò hemmesi-de gerek, hemmesi-de
gowy. Ýa-da “Ýa spraºiwaýu” (“Soraglar”) goºgusyny
alyp görseò, gündiziò näme üçin garaòky bolýandygyny, garryja eneleriò, garry atalaryò nireden döreýändigini, guºlaryò uçup, eºegiò näme üçin uçmaýandygyny
bilmegem çaga hem-ä hökman, hemem kyn. Çaga ºol
hökmanlyklaryò, kynçylyklaryò içi bilen geçip gidip,
olaryò hemmesini ýekänme-ýekän aòyna siòdirip,
özleºdirip ulalýar, adam bolýar. ªeýdibem, ol ertirki
günüò ähli çylºyrymlyklarynyò, kynçylyklarynyò ebeteýini tapýan, eminden gelýän Adam bolup ýetiºýär.
Çaga çagalykdan zähmete endik etmeli, ýogsa onuò
çagalygy çagalyga meòzemeýär.Çagalygy bolmadyk
çaganyò oglanlygy-da gönençli bolmaýar, dözümli oglanlygyò bolmasa, ýetginjekligiòem, ýaºlygyòam we º. m.
birkemsiz bolmaýar. ªonuò üçin Agageldi Allanazarowyò çagalara niýetlän eserlerinde biz çagalygyò özüne
laýyk gelýän fiziki hem akyl zähmetini görüp bilýäris.
Onuò goºgularynda hemme zat hereketde, ösüºde. Ol
443
biziò ertirki günümiziò ullakan adamlaryny ºu günden
taýýarlap ugraýar. Munuò bolmalysy ºeýle. Çünki
dünýäniò özüniò gurluºy ºeýle: kiçijikler kem-kemden
ösýärler, ulalýarlar. Ol çagalaryò göwün isleglerinden
turmak üçin çalyºýar.
Bagyò almasyn kakdym,
Elime syryk alyp
Çapaºdylar almalar
“Taýdyò-typdyò” at bolup.
(“Almalar”)
Daraklaryò içinden
Men ony saýlap aldym,
Darap-darap saçymy,
ªeýdip owadan boldum.
(“Darak”)
Suratyòy çekeýin
Piºijegim dur, hany!
— Ýöne senden haýyºym,
Murtsuz çekäýme meni?
(“Haýyº”)
Çal tüssesin tüsseläp,
Otyr zawod bir ýanda.
Synlamdan soò ynandym,
Onuò ýüzüp barýanna.
(“Zawod”)
Irden kölüò gujagyndan,
Topar bulut çykyp gitdi,
Öl-suw bolan geýimlerni,
Üstümizden sykyp gitdi.
(“Bulutlar”)
444
ªahyryò ºygyrlarynda pikir ahyrky setirlerinde aýdylanok-da, ol tutuº goºgynyò süòòi arkaly aòdyrýar.
ªygyrlardaky detallar çagalaryò gözleri bilen görüp
ýören esbaplary esasynda çeper keºbe öwrülýär. Agageldi
Allanazarowyò “Gezelenje gelen Aý” diýen goºgusynda
çagalaryò ýüreklerinden turjak ýakymly duýgy bar.
Bu çagada tebigata bolan mähri oýarýar we oòa bolan
söýgini aýrylmaz bir yananja öwürýär.
Bir-de guºa meòzedi,
Bir-de ýatlatdy Güni.
Ganatynda bulutlar
Dünýä aýlaýar ony.
Ähli haýwan uklansoò,
Kesilensoò jürküldi
Baºyn goýup bir baýra,
Aýyò özem irkildi.
(“Gezelenje gelen Aý”)
Ýene-de:
Goýanok heniz,
Çeker-le daòa...
Baglar gulagny
Deºdirýär oòa.
(“Ýagyº ýagýar”)
Goºguda ulanylýan her bir çeper aòlatma, tebigata
bolan söýgüsini ösdürýär hem-de goºgular okyjyda ýakymly täsir galdyrýar. Özboluºly çeper ýazylan goºgular
okyjyny yzyna düºürýär. Bir bahar ýagºynyò sesine
diò salyp dursuò, birde bolsa tylla sary gawunyò hoº
445
ysyna meýmiräp, bereketli, türkmen sährasynyò içinden
barýarsyò. ªol barºyòa-da ýylyò dört paslyny baºdan
geçirýärsiò. Her paslyò öz keºbi, öz aýratynlyklary, öz
howasy aýdyòlygy bilen beýan berýär.
Atyzlara görk berýär
Akja-akja hanalar
Baglar sary ýapragyn,
Ýere oklap sanaýar.
(“Güýzde”)
Ady agzalan goºgynyò ahyrynda bolsa:
Pasyllaryò hersinde,
Bolsam-da ýekän-ýekän,
ªindem anyk bilemok,
Iò owadan haýsykan?! —
— diýip körpe okyjylara ýylyò pasyllary barada
gyzyklanmagy, oýlanmagy ündelýär, olaryò höwesjeòlik ukyplaryny ösdürmäge ýardam edilýär. Bu bolsa
ºahyryò öz körpe okyjylarynyò gylyk-häsiýetlerine, öz
pikirlerine, arzuw-meýillerine beletliginden habar berýär.
“Meniò reòklerim”, “Enemiò äýnegi”, “Sary gawun”
we beýleki birnäçe goºgularynda ºahyr öòe seredýär,
ºeýle etmekligi okyjylaryò talap edýändiklerine düºünýär.
Keýerip dur keýik ýaly
Mele reòkde çeken atym.
Ýaºyl reòkim tiz örüzdi
Töweregiò terje otun.
Gara reòkim gije boldy,
Ýyldyzlaram geler göçüp...
446
Kim uklajak bolsa, indi
Ýatybersin, bärik geçip.
(“Meniò reòklerim”)
Ýene-de:
Enem janyò äýnegi
Haýraneder hemmäni.
Tapsa bolýar, dakynsaò,
Keçä gaçan iòòäni...
Seredäýiò syçana,
Jojuk görjek bolsaòyz!
Görkezeýin äýnegi
Bize myhman gelseòiz.
(“Enemiò äýnegi”)
Sary gawun,
Sary gawun,
Iýenlere diýdirdiò bal.
Kim daºyòy
Çyzyºdyrdy?
Bileýinle, aýtsana, bol.
Wiý, ýogsa-da jigim Bäºim
ªu atyzda durdy häli.
Çyzandyr ol seò
daºyòam,
Meò depdermi çyzºy ýaly.
(“Sary gawun”)
Agageldi Allanazarow çagalaryò ýürejikleriniò tirsildisini duýýar. ªu duýgam ºahyranalyk bilen sepleºip,
ºahyry köp kitaplaryò arasyndan bir gyra okyjylar
köpçüligine çekip barýar.
447
Eýsem, ºahyryò döredýän goºgularynyò esasy bellemeli tarapy nämede? Ol ºahyryò haýwanat hem tebigat dünýäsiniò daºky sypatlaryny teswirlemekden, çagalara gowy okamaga, zähmet çekmäge, edepli bolmaga ündeýän kapyýaly ºygyrlarynda çagalaryò özboluºly
durmuºyna, psihologiýasyna çuò ornaºmaga meýil edýänligi, çaga dili bilen gürläp, olaryò durmuºyndan alnan
wakalary, suratlary dürli çeperçilik tilsimlerine eýelemäge erjeºýänligidir.
Mysal üçin:
“Görsün” diýip keýikler,
Çykyp dur ol belende.
Buldy sagyp dolduran
Käseleri elinde.
(“Keýigokara”)
Kowaladym baýyrda
Men duºanda zemzeni.
Ite meòzäp syrtardy,
Çiºip ýatlatdy humy.
Gamçylady guýrugny:
— Tanap goýaýgyn meni.
Git, gaharmy getirme,
Ýogsam ýenjerin seni!
(“Zemzen”)
ªahyr tebigat ºekillerine köp ýüzlenýär. Ýöne, ol ºol
ºekilleri bolºy ýaly göçürmän, çaganyò oý-hyýaly, durmuºy
bilen baglanyºdyrmaga çalyºýar. Hawa, ol tebigata çaganyò gözi bilen seredýär. Ine mysal:
448
Seretdi ol depeden
Alaòlaryò gerºine.
Ak ºöhleler guº bolup,
Gondy çöpe, kirºene.
(“Gezelenje gelen Aý”)
Çuò manyly, örän synçylyk bilen ýazylan fantaziýa
baý goºgular, ºahyryò döredijiliginde baºga-da kän.
ªahyryò “Ylgap barýan” diýen goºgusy hem örän
täsirli. Aýagy çepeklije, ak köýneklije oglanjyk goòºy
oba — mamalarynyòka gezelenje barýar. Özem ylgap
barýar. Onuò mamasyny göresi, begendiresi gelipdir.
Birdenkän obaò özem
Ylgaberdi maòa bakan.
Men-ä barýan mamamlara
Oba nirä howlugýarkan?
(“Ylgap barýan”)
Oba, elbetde, oglanjyk bilen duºuºmaga howlugýar.
Ýene bir goºgusynda ºol oglanjyk öz öýlerinden çykýan
ýoly kowalamaga baºlaýar. Ýol gaçýar, oglanjyk kowalaýar. Ýol kä ýapa ýarmaºyp, kä pes aºak inip gaçýar.
Esli gaçansoò,
Ýadady, irdi.
Baryp Marallaò
Öýlerne girdi.
(“Ýol”)
ªahyryò fantaziýasy oba-da, ýola-da jan berýär-de,
çagalaryò pikir ediº dünýäsine täze bir penjire açyp
goýberýär.
449
Günleriò bir güni ºol oglanjyk çabgada galýar.
Oglanjyk süllümbaý bolup öýlerine ylgaýar, ýyldyrym
çakýar, gök gürleýär. Oglanjyk bolsa suw-seleòiò içinden ºapadaòlap gelºine, çabga janly zat hökmünde
seredýär.
Kowalap geldi ol
Öýmüze çenli —
(“Çabga”)
— diýibem tamamlanýar. Agageldi Allanazarowyò
bu baý fantaziýaly, alçak, akylly, göwnaçyk liriki
gahrymany ºeýdip goºgudan-goºga geçýär, goºgudangoºga ulalýar, iò gowy tarapam — kämilleºýär.
Ol oglanjyk “Ýyldyzyò ýoly” atly poemasynda diýseò romantik, “Nur paýlaýan oglan” atly poemasynda
bolsa diýseò bilesigeliji. Oglanjygyò öz gyzykly dünýäsi, Welnar aga ýaly agasy, Jemal eje ýaly mamasy,
paraºýutçy aýy Miºa ýaly dostlary bar.
Çagalar goºgulary diòe çagalar üçin ýazylmaýar,
sebäbi uly adamlaram käte çagalygyna gaýdyp barmak
isleýärler. Uly adamlaryò hakydasynda çagalygy ýaºaýar
ahyry. Eger çagalar goºgularyny okan ulular biparhlygyna galsalar, onda ol goºgular gowy çaga goºgulary
däldirler.
Bir ºadyýan bagºy syçan
Dutar çaldy, aýdym aýtdy.
Ony görüp myr-myr piºik,
Törden telesahna gaýtdy.
ªirin-ºirin aýdym diòläp,
Myr-myr derrew meýmiredi.
“Müò ýaºa sen, bagºym!” — diýdi.
450
Alkyº aýtdy, baº yrady.
Gutaransoò, täsin konsert,
— Sag bol — diýdi —
güýmäniòe!
Hemem ºeýle begendi ol
Bu syçany iýmänine.
Bu goºgyny okan körpeler bilen bir hatarda uly
adamlaryòam kalbynda ºatlyk duýgusynyò oýanandygy
ikuçsyz.
Ýazyjy Agageldi Allanazarow türkmeniò zehinli,
eserleri il-ýurt gezýän ýazyjylarynyò biri hökmünde
tanalýar. Onuò galamynyò aºagyndan çykan eserleri —
powestleriò, hekaýadyr nowellalaryò, goºgulardyr poemalaryò ençemesi dürli döwürlerde köp ýyllarda çapdan çykdy. Çagalar üçin ýazylan eserlerde iò zerur
bolan bu zatlar ºahyryò çagalar dünýäsine çuò
aralaºýandygyna, olaryò ýüreklerinde orun alýandygyna ºaýatlyk edýär. ªahyryò eserleriniò terbiýeleýjilik
äheòi güýçlüdir.
ªu günki söhbetimizi ºahyr Agageldi Allanazarowyò
öz sözleri bilen gutarmakçy:
“Meniò size ürç edip erteki aýdyp bermegimiò hem
öz sebäpleri bar. Sebäbi men çagalaryò haçan ösýänini
bilýärin. Olar bir-ä uklap ýatyrka ösýärler, birem erteki
diòlänlerinde. Ösmek bolsa hemmeleriò arzuwy. Menem
siziò ösüp-ulalyp, durmuºdaky öz mynasyp ornuòyzy
eýelemegiòizi arzuw edýärin”.
B. BĪIMOWA.
2008 ý.
451
ÝAZYJY AGAGELDI ALLANAZAROWYÒ “KALBYMA
HEM ALYSLARA SYÝAHAT” ATLY PROZA KITABYNA
IÇKI SYN
Ýazyjy Agageldi Allanazarowyò bu golýazmasyny
ýüzugra okap çykmak mümkin däl. Oòa taýýarlyk
gerek, wagtyòy gysganman, arkaýyn okamaly. Sebäbi
ilki bilen-ä golýazma möçber taýyndan uly. Golýazma
giren materiallar agyr, olary ünsli okamaly. Onsoò hem
bu golýazma biziò özboluºly prozaçymyzyò ilkinji iri
eseri, iò uly kitaby.
Geliò, ilki bilen golýazmadaky iri eserlerden, has
takyk aýtsak, powestden baºlalyò.
Powest bilen kitap atdaº. “Kalbyma hem alyslara
syýahat” diýen adyò özünde göçme many bar. Ýene
bir bellemeli ýagdaý, eseriò adyndan aºakda (A. Kareliniò ýazgylaryndan) diýlip ýörite görkezilipdir. Bu
eýsem näme bolýar? Bu ilkinji nobatda ýazyjynyò öz
dilinden däl-de, A. Kareliniò adyndan gidýändigini
aòladýar. Bu forma ºeýle bir oòat alnypdyr, awtor A.
Kareliniò sözüni däl-de, pikirini, içki oý-hyýalyny berýär.
Eserde öòe sürülýän ähli meseleler A. Kareliniò dünýäsinden geçip, onsoò okyja ýetýär. Bu, görºümiz ýaly,
çuòòur psihologiki analiz, psihologik duýgurlygy, psihologik gapma-garºylygy hem psihologik aktiwligi talap edýär. ªonuò üçin eseri ýazmak ýazyja iòòän agyr
bolandygy belli.
Biziò bilºimiz ýaly, A. Karelini Türkmenistana çagyryp,
oòa Aºgabatda guruljak ýadygärligiò arhitektura iºlerini
452
tabºyrypdylar. Uly alym, belli hudo nik eýýäm bu ýere
gelmänkä, öz hyýalynda taslan iºiniò çyzgysyny kagyz
ýüzüne geçirip gelipdir. Ol ºol taýýar iºini hem döwlet
komissiýasyna tabºyrypdyr. Emma bu ýerde bolmagy,
esasan hem, hökümet ýolbaºçysy Gaýgysyz Atabaýew
bilen duºuºmagy alymda uly täsir galdyrypdyr. ªonda
ol öz baºky eskizinden ýüz öwrüp, respublikanyò
ýolbaºçylaryna özüni respublika bilen tanyºdyrmaklaryny
haýyº edipdir. ªu haýyºyò netije-sinde hem ýigriminji
ýyllaryò aýagyndaky ýaº respublika gezelenç baºlanýar.
Alym köp ýerlere baryp görýär, gaty köp adamlar
bilen tanyºýar, olaryò gürrüòini diòleýär. Öz göwnündäki
Lenini halkyò göwnündäki Lenini bilen deòeºdirýär.
W. I. Leniniò proletariat synpynyò öòünde bitiren
hyzmaty ägirt uly. Ony suw bilen ýa-da çak-çen bilen
kesgitlemek mümkin däl bolsa gerek. Ýöne türkmen
halkyna beren hyzmaty has hem bahasyzdyr. Taryhyò
gazap gylyjynyò astynda, tozgunçylykda, talaòda tozup
gidäýmegi mümkin bolan halky azatlyga alyp çykdy.
Oòa geljege uly ýol görkezdi. Öz bagtyòa eýe bolmagyò giò mümkinçiligini döretdi. ªonuò üçin bu
halkyò beýik serdara — W. I. Lenine bolan söýgüsi
bimöçberdir. Ol ýadygärlik bolsa, ýazyjynyò öz aýdyºy
ýaly, eýýäm halkyò ýüreginde bina bolupdyr. W. I.
Leniniò portretini hala çekipdirler. Halk ony ýüregine
nagyº edipdir. Bu ýerde A. Kareline galýan ýeke borç
ºol ajaýyp ýadygärligi görmegi baºarmak hem ony
ýadygärlige öwürmek. Alym ºeýle hem edýär.
453
Emma bu çözgüt öz-özünden bina bolmaýar. ªu
çözgüde çenli alym iòòän agyr ýoly geçýär. Bu powest
ºol ýol, ºol gözlegler barada.
ªol ýoluò real kartinasy eserde döredilipdir diýip
hasap edýärin. Waka ýigriminji ýyllaryò aýaklarynyò
wakasy. Döwrüò ýagdaýy, taryhy ºertleri, esere gatnaºýan
adamlar öz döwrüne laýyk gelýär, hut ºol döwre laýyk
hereket edýär. Gahrymanlaryò ählisi diýen ýaly, taryhy ºahslar ýa-da ºol döwürde ýaºap geçen ºahsyýetler.
Olary awtor öz atlary bilen alyp, dogry edipdir. Ikinji
bir tarapdan, awtor epizodiki tipleri umumylaºdyryp
alypdyr. Bu hem jüpüne düºen usul diýip hasap edýärin.
Sebäbi ol ýerde görkeziljek bolunýan — halk. Halk
bolsa umumy, ol bir adam, iki adam däl, tutuº köpçülik. Bu ýerde bolsa, esasan, aýry-aýry tipleriò obrazy
däl-de, halkyò obrazy, halkyò häsiýeti, iò oòat däpleri
ýüze çykarylmaga çalºylypdyr.
ªu powestde pylan ýerini üýtgetmeli eken, pylan
ýerini baºgarak ýazmaly eken diýen belligi girizmek
mümkin däl. Sebäbi ýazyjy öz ýazjak zadyny aòry
ýany bilen bilýär hem ony ýazanda ýöne bir ýazaýman, öò müò gezek ölçäp ýazýar. ªonuò üçin seredäýmäge
ähli zat ýerbe-ýer. Ýöne ýazyja käbir maslahatlary
berip bolar.
Powestde beýle bir zerur hasaplanmadyk epizotlary
has degerli epizotlar bilen çalºyrmak mümkin. Men
eseri bir gezek okadym. Eser önümçilige gidýänçä, ýene
telim gezek okalar. ªonda haýsy epizodyò artykmaçdygy,
454
kemdigi has aýdyò görner. Ony redaktor awtor bilen
maslahatlaºyp, has göwnejaý edip biler.
Men powestiò golýazmasynyò gapdalyna birnäçe
bellik girizdim. Ol bellikler, esasan, stilistik bellikler. Ol
barada awtor belli bir netijä geler diýip umyt edýärin.
Ýazyjynyò dilinde ummasyz dialekt sözleri köp. ªolardan eseriò ruhuna näsaz gelýänlerini çalºyrmagyny
awtora maslahat berdim. Sebäbi bu ýerde eser obalynyò dilinden däl, akademik, A. Kareliniò dilinden
gidýär. Onuò professional ukybyny, ömrüne ºäherde,
onda-da merkezi ºäherde ýaºap geçenini nazara almaly.
Eseriò stili baº gahrymanyò häsiýetine kybap gelmeli.
ªonda eºik adama geliºýär, ýogsa geliºmeýär. Umuman,
stil bilen manera bir-birine laýyk gelmeli.
Ol bellikleri ýazyp düºündirmegiò kyndygyny nazara alyp, ony golýazmanyò gapdalyna girizdim. Awtor ºol belliklere dogry düºüner diýip tama edýärin.
Hekaýalar barada näme aýtmak bolar? Dogrusy,
hekaýalaryò hem göterýän agramy öz uly ýa-da kiçiligine seretmezden, powestiòkiden pes däl. Bu ýerde,
esasan, ýazyjynyò soòky döwürde döreden hekaýalary
bar. “Ak ýelken”, “Deòiz notalary”, “Maòa meòzeº
maýor”, “Berdi jedeliò aty”, “Atabaýewiò ogullary”,
“Golaý dünýä”, “Ilkinji gar”, “Zenan bagty”, “Nama”,
“Samolýotda” we baºgalar bar. Meniò pikirimçe, bular
ilkinji gezek metbugatda çap bolanda hem okyjynyò
uly söýgüsine mynasyp bolupdy. Olara eýýäm menden
has öò ak ýol arzuw edilipdi. Bolsa-da, golýazmada
455
olara täzeden nazar aýladym. Olary jemläp okamagyò
öz gyzygy bar. Käbir emosional sözler, meòzetmeler
birki hekaýada gabat gelýär. Olara bellik etdim. Sebäbi
ºol hekaýalaryò ählisini bir sahabyò içine jemleýändigini nazara almaly. Ol hekaýalaryò ählisini okyjynyò
birbada ýüzugra okaýandygyny ünsden düºürmeli däl.
Hekaýalar tematiki taýdan dürli-dürli. Meseläniò ºu
tarapyny hem nazara almalymyka diýýärin. Ýa-ha olary
öz tematikasy boýunça jemläp, her topluma hem bir at
goýmaly. Ýa-da baºdan “Atabaýewiò ogullary” atly
hekaýany goýup, yzdan ºol temadaky hekaýalary, soòra
soldat durmuºy hekaýalary “Maòa meòzeº maýor”,
“Nama”, “Samolýotda” we baºgalar, soòra hem liriki
hekaýalary “Ak ýelken”, “Deòiz notalary”, “Zenan
bagty” ýaly hekaýalary goýmaly. Umuman bu meseläniò düºüniºmek tarapyny redaktor bilen awtora
galdyrýaryn. Maslahatlaºsaò, bu ýerde hem çözmez
ýaly agyr mesele ýok. Iò esasy mesele ºeýle hekalaryò
ýazylmagy.
Men olaryò tematiki taýdan baýdygyny aýtjak
bolýaryn. Biziò edebiýatymyzda “Maòa meòzeº maýor” ýaly hekaýa öò ýazylmandy. Biziò edebiýatymyzda desantçylar durmuºy hakda-da ugurly zat ýokdy. ªu
möhüm temany ilkinji bolup ýerinden gozgan A. Allanazarow boldy. “Deòiz notalary”, “Zenan bagty”
ýaly liriki hekaýalar hem biziò edebiýatymyzda beýle
bir köp däl. ªonuò üçin bu hekaýalara örän sarpaly
bolmak gerek. Olaryò aýry-aýrylykda, tematiki yzygiderlilikde çap edilmeginiò aladasyny etmeli.
456
Umuman alanyòda, tematiki aktuallyk ýazyjy
A. Allanazarowyò döredijilik aýratynlygy. Onuò haýsy
bir eserini okasaò-da, “Aý, ºu eser-ä soòrak ýazaýanda-da boljak ekeni” diýmeýärsiò. Olar bir-birinden aktual. “Ýazyjy hut ºu möhümligi görüp, duýup, onsoò ºu
eserini ýazypdyr” diýip oýlanýarsyò. Ine, “Kalbyma
hem alyslara syýahaty” alyp göreliò. Nähili möhüm
tema. Özem geò zat, ol ºu wagta çenli gozgalman
gelipdir. Dogry, biz Towºan Esenowanyò “Gündogara
uzan gol” oçerki, Akjemal Omarowanyò “Daºdan dokalan
haly” poemasyny bilýäris. Emma bu düýbünden baºga
eser. Ol bize iòòän zerur, biziò hökmany biläýmeli
dünýämizi açyp görkezýär. Ol häzire çenli bu ulgamyò
eserleriniò ösüºdäki dowamy.
Hekaýalaryò tematiki aktuallygy hakda hem diòe
ºu pikiri aýtmak mümkin. Olar edil döräýen wagtynda
iò gowy neºirler saýylýan gazet- urnallarda ýüzugra
çap edilipdi. Munuò özi hem ºol hekaýalaryò gadyr-gymmatynyò ýokarydygyny görkezýär.
A. Allanazarowyò eserleriniò çeperçiligi oòat. Ýöne
çeperçilik meselesinde hiç wagtda çägiò bolmaýandygyny nazara alsak, “oòat” diýlen baha hem az zat däl.
A. Allanazarowyò sözlem gurºy, meòzetmeleri, meselä
giriºi, synçylygy örän özboluºly. Ony kimdir birine
meòzetmek mümkin däl. Ol diòe özüne meòzeýär. Bu
biziò köpümize ýetdirmeýän dereje. Agageldide lirikilik
hem bar, guraklyk hem bar, gönümelligem bar. Emma
ºol guraklyk bilen gönümelligiò ºeýle bir tärini tapyp
ulanýar welin, esere hut ºeýle çemeleºmegiò gerekdigini
457
duýýarsyò. Eýsem, hemiºe süýji zat iýmek mümkin däl
ahyryn.
Sözümi jemläp aýtsam, ýazyjy Agageldi Allanazarowyò “Kalbyma hem alyslara syýahat” atly proza
ýygyndysyny çap etmek zerur. Ol ºu gün üçin, ertir
üçinem möhüm. Ýygynda girizilen eserleriò ählisi estetiki-ideýa taýdan sagdyn, çeperçiligi ýokary. Ol okyjylara gowy sowgat bolar, gyzykly okalar.
HALLY HUDAÝBERDIÝEW.
28. 07. 1987 ý.
“INER ÝÜKI”
Ýaºulular, olaryò içinde hem has-da synçylary baý
durmuº tejribelerine, tebigy duýgularyna daýanyp, özleri
bilen gatnaºykda bolup, iº salyºýan ýaº-ýeleòleriò geljekde nähili häsiýete, nähili hünäre eýe boljakdygyny
öòünden aòýarlar, “akyl kädisinde” “ºygyrdysy” özboluºly
hem ýakymly “heò edýänlere” guwanýalar, köpi görüp,
“gözleri açylar ýaly” mümkin bolan ýagdaýda, olar
bilen eýläk-beýläk bile-de gidýärler.
1967-nji ýylyò güýzünde Aºgabatda Türkmenistanyò ýazyjylarynyò köp adamly, uly ýygnagy boldy.
ªoòa Marydan gelen ºahyrlar Çary Gurbangylyç, Akmyrat Çaryguly — Erkin dagy bilen salamlaºmak üçin
ara-kesme wagty idäp, olaryò ýanlaryna bardym. Ortadan sähel uzyna golaý boýly, goýungözli bir nätanyº
ýigide hem gabat geldim.
Çary aga adaty degiºgenligine salyp, gepe ºüwlüm
bermek maksady bilen, artdyryp aýtmak endigine görä:
458
— Bu oglan Tagtabazaryò sergin çölünde burnuna
ýel düºen bugurçy ýaly bolup Mara gelende, eýýämden
agzyndan ak köpük saçyºy göwnümize ýarady, onsoò
muny höre-köºe bilen tutup, bärik alyp gaýtdyk —
diýdi.
Akmyrat aga daºdan aýlap durmady, gylygyna
görä, düºnükli bolaryny etdi:
— Muòa Agageldi Allanazarow diýýärler.
Men bu iki ýaºulynyò ikisiniò-de özüne aralyk
bolar ýaly edip gürledim:
— Bugurçymy, inerçimi, ine-ganalykda göreris. Topbagymyz bilen çaýlaºmaga gideliò.
Jaýdan çykan ýerimizde halypa ýazyjy Hydyr
Derýaýew duºdy. Hormatlap, ony-da ýanymyza aldyk.
Çaý baºynda ýaºulular birek-biregiò hal-ahwalyny
soraºdylar, geçmiºi ýatlaºdylar. Gep arasynda men Agageldiniò Marynyò ýörite orta bilim berýän mugallymçylyk mekdebinde okaýandygyny, goºgy ýazýandygyny
özünden sorap bildim. Aòrujy mümkinçiligi bolsa, ýokary
okuw mekdebine okuwa girmegini, eger çeper döredijilige
baº goºjagy çyn bolsa, düýpli ylym alyp, gözýetimini
giòeltmäge hökmany zerurlyk derejesinde üns bermegini, özüniò-de durmuº tejribämiò onçakly baý däldigine
garamazdan, garaz, ýeri gelensoò, akylym kesiºinden,
oòa maslahat berdim.
Biz Agageldi bilen ýygy-ýygydan duºuºyp, döredijilik hem durmuº babatda pikir alºyp durmagy arzuw
edip sagbollaºdyk. Emma uzak wagtlap görºüp bilmedik. Agageldi mugallymçylyk mekdebi tamamlap,
459
alan ýörite orta bilim hünäri boýunça baºlangyç synp
okuwçylaryna sapak berip baºlaýar, bir ýyldan harby
gulluga gidýär, gaýdyp gelibem, Moskwanyò döredijilik
iºgärlerini ýetiºdirmäge ýöriteleºdirilen A. M. Gorkiý
adyndaky Edebiýat institutyna okuwa girýär.
ªol institutda 1974-nji ýylyò ilki aýynda ýaº edebiýat tankytçylarynyò bütinsoýuz seminar-maslahaty
geçirildi. Oòa Türkmenistandan hem meniò bir özüm
gatnaºdym. ªol wagtlar Moskwada Ýazyjylar birleºiginde
türkmen edebiýaty geòeºiò jogapkär kätibi bolup iºleýän
ezber kyssaçy dostum Atajan Tagan alada galyp tabºyran
eken, Agageldi Domodedowo aeroportunda öòümden
çykyp, garºy aldy. Edebiýat institutynyò umumy ýaºaýyº
jaýynda özbaºdak otagda ýerleºmäge kömek etdi.
Seminar-maslahatyò iºe baºlanyndan bir hepde soò
edebiýatçylaryò Merkezi öýüne dabaraly duºuºyga çagyrdylar. Duºuºykda görnükli ýazyjylaryò, zehinli ýaºlaryò
çykyº etjekdiklerini aýtdylar. Höwes bilen topar tutup
bardyk. Uly sahnanyò töründe azy ýaran ýazyjylaryò
arasynda Agageldi Allanazarowa gözüm düºdi. Institutyò dördünji ýyl talyby bolsa-da, onuò epeý ýazyjy
hökmünde öz türkmen ilimiziò edebi abraýyny
goraýºyndan begenjimden iki bolup bilmedim, biygtyýar Agageldiniò adyny tutup gygyrdym. Duºuºygy
alyp barýan dünýä belli aýdymçy-ºahyr Lew Oºanin
meniò bu oòaýsyz hereketimi gowulyga ýordy oturyberdi, ýaº türkmen ºahyrynyò döredijiligini ykrar edip,
hormatlamadan bir nyºan diýip yglan etdi. Birki ýyldan
soò bolsa onuò özi “Edebiýat we sungat” gazetimize
460
ýöriteläp, Agageldiniò goºgularynyò öòünden öwgüli
hödürnama hem ýazdy, türkmen ºägirdiniò goºgularyndan
ybarat diplom iºine ýolbaºçylyk etdi. ªol diplom iºiniò
resmi opponenti — synçy bolmak maòa ynanyldy.
Döwlet synag komissiýasy bolmak maòa ynanyldy.
Döwlet komissiýasy uçurym talybyò döredijilik iºine
ýokary baha berdi.
Men bu zatlary ýatlamak bilen, Agageldi Allanazarowyò edebi döredijilige baº goºup ugranyndan uly
halypalaryò-da, ýönekeý okyjylaryò-da ünsüni özüne
çekip bilendigini nygtajak bolýaryn. ªemal bolmasa,
çöp baºy gymyldamaýar. Her bir ºygyr ýazýana hem
beýle içgin üns berlip durulmaýar. “Boljak oglan
bolºundan belli”, Agageldi Allanazarow çeper döredijilikde turuwbaºdan öz ýüzüni görkezmäge çalyºdy, öz
sözüni aýtmagyò ebeteýini gözledi, öòki torç edilen
ýoldan gitmegi aòsadyna bakmak diýip düºündi. Çarkandagam bolsa, özbaºdak ýol-ýoda ugruna çykdy.
Çarkandak ýerde owadan ädim urmak kyn bolýar.
Käte antak-mantak hereket etmegiò-de mümkin. Agageldi
Allanazarowyò goºgularynda, hususan-da, ulular üçin
goºgularynda, göýä tekizlenen ýeriò käbir pytradylman
galan bajaklary ýaly, käbir gödekleç setirleriò gabat
gelmegini hem ºu hilli ýagdaýa syrykdyrmak mümkin.
Emma bir zady welin berk bellemeli. Agageldi Allanazarow goºguda boº gürrüò etmeýär, seriºdesiz, maglumatsyz geplemeýär. Oòa deklaratiwlik ýat. Seriºdeler,
maglumatlar goºgulara özboluºly beýanaty (epiki) häsiýetini hem berýär, bu ýagdaý durmuºy delillendirip,
461
dogruçyl sypatlandyrmagy hem aòladýar, bu ýagdaý
onuò durmuºy giò meýilnamada, uly möçberde görkezmek
üçin kyssa tarap imrindirip gitmegi hem aòladýar.
Geldi-geçer döwrüò höküm sürýän aòyýet syýasatyna zoraýakdan laýyklajak bolup, sungatda ýalan sözlemek juda aýyp hasap edilýär. Ýöwsellemek aýak tibirdisinden diýlip düºünilýär. Gorkup awa çykyp bolmaz.
Edebiýat meýdany gorkagyò, ýöwseliò, iki ýüzli
ýalançynyò ýeri däl. Batyrgaý döwüº gurup bilmeseò,
nä körüò bar ol meýdanda?! Dörediji sözüniò manydaº
sözi (sinonimi) — batyr. Dörediji adama batyrlyk hökmany ºert. Agageldi Allanazarowyò döredijiliginde batyrlyk bütin aýdyòlygy bilen ýüze çykýar.
Beýik Watançylyk urºy hakynda köp ýazyldy. Tüýs
sungat eseri hem döredildi. Agageldi Allanazarow “Meniò
Andy akgam” diýen goºgusynda gazaply uruºda nemes
ýesiri bilen ýüzbe-ýüz bolan türkmeniò gürrüòini ýumarlaman, ºeýle diýýär:
Syr saklady, asla syryn açmady,
Dyza hem çökmedi janyny diläp.
Jogap berdi soraglaryò baryna:
“CC men” diýip, ºol bir sözi gaýtalap.
Komandiriò jany ýanaýdy,
Atdy ºonda ony it atan ýaly.
Meniò bolsa oòa nebsim agyrdy —
Bardyr ahyr çagalary, aýaly.
Bu ýerde urºuò ýowuz hakykaty, adamlary biri-birine garºy jellada öwrüºi, ynsanlyk ynsaby bolanyò
muòa biperwaý garap bilmeýºi ºygry (liriki) gahryma462
nyò pikirleniº özboluºlylygyna, gepleýiº äheòine laýyklykda berilýär.
Agageldi Allanazarowyò sungatdaky dogruçyllygy
üçin, özümiò ºaýatlyk etmegimde onuò bilen bagly
hakyky bolup geçen durmuºy wakany ýatlamak artykmaçlyk etmese gerek. Ýöne öòünden aýdyp goýaýyn, ol
waka ýagdaýa görä desbi-dähillikde edilen zoòtar
hereketiò netijesi, ol hereketem türkmeniò milli häsiýet
özboluºlylygynyò ýylmanmadyk görnüºde ýüze çykmasy ýaly bir zat. 1994-nji ýyldaky ºol seminar-maslahata gatnaºýanlaryò arasynda asla baºga ýerli, alçaksy
bir edebiýatçy bardy. Bir gün ol agºam meniò otagyma
geldi. Agageldi hem ýanymdady. Iýildi-içildi. Dilleriò
jähegi ýazdyryldy. Ýaòky alçaksy edebiýatçy on ýyla
golaý mundan öò institutda okanda, aralaryndaky talyp türkmen gyzyny ýürekden gowy görendigini, ol
gyz bilen tirkeºip, oòa-muòa-da gidendigini, emma ol
gyzyò özüne baryp bilmejekdigini, aýlaman-dolaman,
göni aýdandygyny, özi welin ýöne aýdybam goýaýman, gyzan kelläò aòyna heserlenip, ýanjap-ýanjap
gürrüò berdi. Bir görsem, Agageldi ony ýakasyndan
tutup, zöwwe galdyryp, sykaja salyp barýar. Olary
abaý-syýsat bilen aralaºdyrdym. Ertesi ol ýigidiò özi
gelip, mendenem, Agageldidenem ötünç sorady, hiç hili
öýke-kine saklamaýandygyny, milli häsiýete gaty seresap çemeleºmelidigine ºu wakada has aýdyò göz ýetirendi-gini, türkmenleriò göräýmäge äwmezekdigine, üstesine-de, açyk göwünlidigine seredip, öz aòryòda erbetlik
nyºany bolmasa-da, olaryò ýanynda gömelteý bir zat
463
diýip goýbermeli däldigini, ºunlukda, türkmeniò juda
namysjaò halkdygyna buýsanýandygyny aýtdy. Galdyrbassyrsyz ýüregini açan ýoldaºymyz bilen ýene-de dostana
gatnaºykda bolduk.
Agageldi Allanazarowyò “Iner ýüki” diýen powestinde namys bilen bagly ýaka tutuºly bir waka Beýik
Watançylyk urºy döwründe adaty türkmen obalarynyò
birinde bolup geçýär. Üç dogany fronta gidensoò, uly
öýüò garamaty gerdene düºen ýetginjek Ýazly powestiò
baº gahrymany bolup, orta çykýar. Agyr durmuº ony
taplaýar. ªonuò üçinem ol agy-garany tiz saýgarýar,
özüniò durmuºdaky ornuna düºünýär. Onuò pikiriçe,
bütin maºgalanyò mertebesini, namysyny erkek kiºi
hökmünde gorap saklamaly. Ýazlynyò ýaº baºyna götermeli iner ýüki, ine, ºu. Kiºi kimin göterýärem. Ol
ýeòòesini ite ýardyryp, gorkuzyp aºaklyk bilen namysyny
tokunjak bolýana meòzeýän adamyò özüni-de, bütin
maºgalasynyò-da mazasyny alýar, itin-ä urup süýndirýär,
öýünem otlajak bolýar. Ýazly gyzmalyk edip, üstesine-de, dogumyna bäs gelip bilmän, gatyragam gidýär.
Namys meselesi ara düºensoò, onuò mejburlykdan eden
bu çökder hereketi okyjyny öz ygtyýaryna goýmaýar,
onda içki agdar-düòderiºikler döreýär, hatda nähilidir
bir hili kanagatlanma ýaly duýgynam oýarýar.
Bir gezek gürrüòden-gürrüò çykdy-da, Moskwada
bolup geçen waka bilen ºondan ep-esli wagt soò ýazan
“Iner ýüki” powestindäki wakanyò ilteºiginiò bardygy-ýokdugy barada Agageldiden dikanlap soradym. Ol iki
wakanyò arasynda matlap-many taýdan hem, käbir
464
kesgin hereket taýdan hem ilteºigiò bardygyny inkär
edip boljakdygyny ýaòzytdy. Ýazyjy halkynyò edähedi
ºeýle. Ol hemme zady bolºy ýaly uly ile peçan edip
aýdyp durmaýar. Eserinde käbir zady üm bilen düºüner
ýaly edip goýýar. Ondan özüòçe netije çykarmaly.
Ýazyjy haýsydyr bir matlaba, pikire ömrüniò durkuna
“göwreli” bolup görkezýär. Agageldi Allanzarowyò hem
kalbynda türkmeniò namysy, ºol esasda hem, umuman,
mertebe meselesi hemiºelik orun tutup, dürli durmuº
wakalarynyò täsiri bilen eserinde ol ýa beýleki görnüºde
ýüze çykyp durýar. Gozgalýan mesele hakyky durmuº
wakalarynyò çeper beýana (sýu ete) laýyklaºdyrylyp
siòdirilmegi bilen herekete gelýär. Laýyklaºdyrmak
durmuºdan daº düºmek däl. ªeýle bir zady deòeºdirip
göreliò. Käbir adam täze jaýa göçüp baranda, onuò
asylky taslamasynyò ýerine ýetiriliºindäki bejergileri,
öwüºgin-ºekillere, tanalmaz derejede bolmasa-da, öz islegine
görä, belli bir özgertmeler girizilýär. Ýazyjy hem çeper
beýany (sýu eti) düzende, hakykatda bolup geçen durmuº wakalaryna özgertmeler girizýär. ªeýdýär-de,
durmuºylyk çeperçiligiò ülüºlerine öwrülýär. Durmuºylyk
bilen çeperçilik biri-birini ºertlendirýän zerurlyk berjaý
ediliºi babatda eseriò häsiýetini kesgitleýär. Eseriò häsiýeti
bolsa, öòdäki gysgaça degiºmelerden hem mälim bolºy
ýaly, ýazyjynyò öz ruhy düýäsiniò belli-belli taraplary
bilen utgaºýar.
Muny baºga bir maglumatyò üsti bilen-de düºündirip
bolar. Diýdimzorluk döwründe harby gulluga çagyrylan türkmen ýigitleriniò lellimdigi, gowºakdygy hakyn465
da gum sowrup, küpürsäp, köp gürrüò edildi. Agageldi
Allanazarow welin “Ýedi däne” atly ilkinji powestinde
hem, beýleki kyssa we ºygry eserlerinde hem diýliºi
ýaly däldigini subut edýän ºekilde türkmen esgerleriniò
dogumly, gaýratly hereketleri bilen, oòaýly häsiýetlerini
açyp görkezdi. Özüniò milli buýsanjyny bir öwrümde
hem, ºeýdip, ýüze çykardy. Ýa-da bolmasa, onuò çagalar üçin ýazan eserlerini alyp göreliò. Körpe gahrymanlar, hususan-da, oglanjyklar daºdeºenjedir. Olar
degiºmegi, gülüºmegi gowy görýärler. Umuman, Agageldi Allanazarowyò çagalar üçin eserlerinde ýumoristik
häsiýet güýçli duýulýar. Bu ýagdaý körpelerde durmuºa
söýgi döretmäge has netijeli täsir edýär. Agageldi Allanazarow çagalara niýetläp ýazan ºowly eserleri üçin
Türkmenistanyò Magtymguly birleºiginiò Ýaºlar guramasynyò baýragynyò, Türkmenistanyò Ýazyjylar
birleºiginiò Hajy Ysmaýylow adyndaky baýragynyò
eýesi boldy.
Agageldi Allanazarowyò kyssa eserleri, olaryò içinde-de “Sürgünler”, “Düwlen” romanlary waka hem hereket
babatda geriminiò giòligi, olaryò ýaýraw meýdanynyò
düzligi bilen, many-mazmun babatda pikir öwüºgünleriniò
köplügi, ºol bir wagtda-da çugdamlygy bilen häsiýetlenýär.
“Sürgünler” romanynda, belle bir derejede aòlanylyºy
ýaly, taryhyò emrine görä, ýat ýere sürlüp äkidilen
türkmenleriò agyr ýagdaýlarda, kyn ºertlerde “Adam
baºy daºdan gaty” diýleni hakykat ýüzünde amal edip,
ykbal ýolunuò egremlerinden, öwrümlerinden töwekgellik, tutanýerlilik bilen geçiºi görkezilýär. ªol ýoluò esa466
synda ýazyjynyò özüniò ata-babalarynyò hem hupbatly durmuºy ýatyr. Bu ýagdaý romanyò resminamalaýyn (dokumental) häsiýetdäki ynandyryjylyk äheòini
güýçlendirýär. Ynandyrmagyò hatyrasyna ýazyjy öz
gahrymanlarynyò gatnaºýan wakalaryndan soòky ykballary barada çykgytda gysgadan degerli maglumat
berýär. Elbetde, käbir gahrymanlar babatda ºeýle edilýär. Sebäbi ähli gahrymanlar babatda ºeýle etmeklik
çeper eseriò häsiýetine laýyk gelmeýär. Eger ylmy iº
bolsa, onda baºga gep. Emma çeper eseriò ylmylyk
häsiýetiniò bolmagyny-da inkär edip bolmaz. Çeper
eserdäki ylmylyk döwrüò ruhunyò edebiýatyò anyk
taryhylyk ygtykaty (prinsipi) esasynda ºöhlelendirmegini aòladýar. “Sürgünler” romanynda hem ºu möhüm
ygtykata eýerilýär.
Eserde XX asyryò otuzynjy ýyllarynyò baºynda
bolup geçen, zorlukly wakalaryò adam ykballaryna
eden täsiri ýowuz hakykata laýyklykda çeper suratlandyrma arkaly berilýär.
Ol döwür SSSR-iò döwlet dolandyryº ulgamynda
adamlary synpy nukdaýnazardan toparlara bölüp
häsiýetlendirmegiò güýçli depgin almagy üçin, zorlukly çäreleriò iºjeò görnüºe geçen döwrüdi. Öz gara
zähmeti bilen günemasyny aýlap ýören hojalyklar
hem tutuºlygyna ýa-da bölekleýin kulakçylyga çekilip, Sibire, Gazagystana, Özbegistana, garaz, hossar
aýagy sekmejek ýerlere, türkmen aýtmyºlaýyn,
“Gümgidene” iberilýärdi. Bu ýagdaý Murgabyò boýnunda, Pendiniò düzünde azarsyz-bizarsyz küren tu467
tup oturan goja Kymyºyò maºgalasynyò üstünden
hem apy-tupan bolup inýär. Gojanyò öý-iºikli iki
ogly--da çagalary bilen Gazagystana, Özbegistana
sürgün edilýär. Romanda Kymyº gojanyò maºgalasyna
aýratyn üns berilýär. Birinjiden, ýazyjy bir maºgalanyò
ykbalynda tutuº taryhy döwrüò hasratyny, bu hasrat
zerurlygy ýüze çykýan adam häsiýetini edebiýatyò
çeper umumylaºdyrma (tipleºdirme) ygtykaty esasynda görkezmegi niýet edipdir. Niýetine görä amalam
edipdir. Ikinjiden, ºunuò bilen, gahrymanlaryò hereket
çugdamlygyny üpjün etmäge üns beripdir. Elbetde,
romanda ºu maºgala bilen ilteºigi-gatnaºygy bolmadyk
gahrymanlar hem çykyº edýärler. Hiç bir adam daºky
dünýä bilen baglanyºyksyz bolmaýar. Hatda ol ýeke
bolaýanda hem jemgyýetçilik durmuºda ýekebara
bolmaýar.
Wakalar, olara gatnaºýan adamlar görnüºleri, häsiýetleri, matlap-maksatlary taýdan juda özboluºly aýratynlyklarynyò bardygyna garamazdan, ýazyjynyò dolandyrmagynda, eserde öòe sürülýän many-mazmuny
aýdyòlaºdyrmaga hyzmat edýärler. Netijede, eser bitewilik
häsiýetini alýar.
“Sürgünler” romanda öòe sürülýän many-mazmun
babatda nazara alynmagy zerur bolan üçünji bir ýagdaý pelsepewi (filosofiki) düºünje röwüºli öý-ojak meselesidir. Öý-ojak mukaddesdir. Kymyº gojanyò maºgalasy,
bu mukaddeslige sarpa goýmak bilen, taryhy durmuºyò
çylºyrymly bir pursadynda ruhy taýdan berkemek çärelerini (prosesini) dogum-gaýrat bilen baºdan geçirýär.
468
Kymyº goja we onuò maºgalasy taryhyò ºaýady
hökmünde barha we barha kämil derejä ýokary göterilýär. Taryhyò ºaýady bolmak bilen, has dogrusy,
taryhy dörediji bolmak halk bilen kybapdaº bolmagy
aòladýar. Nygtap aýdýarys, “Sürgünler” romanynyò
esasynda halk ykbaly ýatyr.
ªahsyò we halkyò ykbaly — bu bütewilik Agageldi
Allanazarowyò “Düwlen” romanynyò hem many özenini düzýär. Bu özen, ýagny esasy many-mazmun ºahsy
söýgi gatnaºyklarynyò mysalynda berilýär.
“Düwlen” romanynda beýan ediliºine görä, Beýik
Watançylyk urºunyò ody bilen tutaºyp lowlan söýginiò, gelip-gelip, parahatçylyk döwürde päsgelçilikleriò
döredilendigine garamazdan, ynsan kalbyna ýylylyk
berºi, ºol ýylylykdan hem mähremligiò emele gelºi
yzarlanýar. Eýsem-de bolsa söýgi gatnaºygynyò gözbaº
alyp gaýdýan döwri beýle duýgy bilen gümra bolmagyò döwrümidi? Onda-da ömür bilen ölümiò ýüzbeýüz garpyºan ýerinde. Söýgi — beýik duýgy. Beýikligi
üçinem ol hiç bir galypa girmeýär. Agageldi Allanazarow galplaºdyrmakdan gaça durmak bilen hak edipdir. Bu — bir, ikinjiden, hakyky söýginiò ýurtlaryò
serhetlerinden geçmek tebigylygyna üns beripdir.
Munuò özi romanyò beýan ýordumyndan (sýu et),
liniýasyndan belli bolºuna görä, eseriò tebigylygyny
aòladýar. Türkmen ýigidi Balkan Jahan urºuny baºlan
ýurduò özünde — Germaniýanyò jümmüºinde söweº
böwºeòlikleriniò birinde nemes gyzy Berta bilen tanyºýar.
Onuò bilen durmuº gurýar. Olaryò ogly-da bolýar.
469
Göräýmäge, olar ömürleriniò durkuna bileleºip-de, bir
ojagyò oduna ýylanyp, ýaºajak ýaly. Emma durmuº
baºga bir akym bilen gidýär. Balkan öz dogduk iline
gaýdyp gelensoò, obadaº gyzyna öýlenmeli bolýar.
Türkmen gelni Ummanyò gabanjaòlygy zerarly, söýgi
odunyò howruna indi has beter ýangyna öwrülýär.
Umman gelin hatda Bertanyò baºyna ýetmegiò ugruna
çykýar. Bu gazap onuò öz zenan mertebesini goramaga
gönükdirilen okgunlygyny aòladýar. Berta, nähili-de
bolsa, baºganyò bagty üçin, yza çekilmegi makul bilýär.
Emma göwün beren adamy Balkany-da, ondan önen
ogluny-da ömür-ha unutmaýar. Özlerine duýdurman,
olardan habaram tutýar. Näme üçin “duýdurman?”
Söýginiò syry kän. Birinjiden, ºonuò üçin, ikinjiden,
ozal göwün berendigine garamazdan, Balkanyò maºgaly
durmuºynyò bozulmazlygy üçin.
Romanda ynsanperwerlik düºünjesi bir öwrümde,
ºeýdip, ýüze çykýar.
Balkanyò özi hakynda aýdylanda bolsa, onuò Berta
bilen gatnaºygynda hem, Umman bilen durmuº gurmagynda hem ikiliksiz, jerhetsiz häsiýeti nygtalyp görkezilýär. Umman garrap, agyr derde duºanda Bertanyò
özüniò-de ruhy azap çekiºi ºol bir ynsanperwerlik düºünjä
baryp syrygýar.
Bu düºünje düwlen bagry Ummanyò derdine em
bolar öýdülip, onuò gözleginde alada bary edilip ýörkä
bütin aýdyòlygy bilen ýüze çykýar. Düwlen awlamak
baºa barmaýar. Sebäbi awlanjak bolunýan düwlen ene
düwlen, onuòam çagasy bar. Bu ýerde ynsanperwerlik,
470
tebigata bolan söýgi, ony gorap saklamak baradaky
düºünje bilen utgaºyp gidýär. Beýik söýgi ýekebara däl.
Ol ähli zady öz içine alýar. Onuò beýikligem ºonda.
Romanyò hem ady ýöne ýerden “Düwlen” däl. Ol iki
manyda gelýär. Birinjiden, jandar adyny aòladýar. Ol
jandaryò simwoliki keºbinde her bir zadyò öz ornunyò,
öz hyzmatynyò, öz gözelliginiò bardygy nygatalýar,
ikinjiden, baºga birine zyýan bermeklige baryp ýetýän
öz ºahsy meýillerinden durmuºyò emri bilen el çekip,
düwülmek, has dogrusy, özüòe erk etmek düwlen jandaryò
mekany, romanda görkeziliºine görä, Hazar deòzi —
ýaýlyp ýatan uly durmuº. ªol ümmülmez giòiºlikde öz
ornuny tapmak — ýaºamagy baºarmak, munuò üçin
dogumly, gaýratly bolmaly, okgunly hem dürs hereket
etmeli.
ªu pikir Agageldi Allanazarowyò ähli eserleriniò
içinden hem eriº-argaç bolup geçýär. ªu pikir çeperçilik
taýdan umumylaºdyrylan adam häsiýetini, hususan alnanda, ýazyjynyò öz häsiýetini hem aòladýar. Aslyýetinde jemgyýetiò häsiýeti halk durmuºynyò jümmüºinde
kemala gelýär. Durmuº bolsa döwre görä üýtgäp, özgerip
durýar.
Garaºsyz hem Bitarap Türkmenistan üçünji müòýyllygyò birinji onýyllygy ortadan geçende, Täze Galkynyº
eýýamy ady bilen adykdy. Bu eýýam ýazyjydan täze
döredijilik üstünliklerini talap edýär. Möhüm talaby
ödemekden ötri, Agageldi Allanazarow täze eserleri
döretmek höwesi bilen has-da joºýar.
471
Ýeri gelensoò ºuny aýdyp goýalyò. Agageldi Allanazarow ukyply, guramaçy edara iºgäri hökmünde hem
özüni tanatdy. Ol 1976-njy ýylda Moskwanyò
A. M. Gorkiý adyndaky edebiýat institutyny gutaryp,
Aºgabada gelºine, “Türkmenistan” neºirýatynda iºe baºlady.
Biraz wagt Türkmenistan Ýazyjylar birleºiginde hem
Türkmenistanyò Metbugat baradaky komitetinde jogapkär
wezipelerde iºledi. Soò ýene-de neºirýata gaýdyp geldi.
Bu iº bilen utgaºdyryp, Kitap palatasynyò ýüküni hem
gerdenine aldy. Nirede iºlese-de, adamlara ýakyndan
kömek bermek bilen, gulluk borjunyò ynsanperwerlik
ygtykatyna ygrarly boldy. Özüniò “Iner ýüki” powestiniò simwoliki ady bilen häsiýetlendirilse, Agageldi
Allanazarow döredijilik iºinde hem, resmi, köpçülik
iºinde hem ºu hili ýüki götermek baºarnygynyò bardygyny
subut edip bildi. Birmahal Çary Gurbangylyç halypasynyò ºol bugurçy diýýäni iner çykdy. Türkmen aga
aýdýar: “Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz”.
KAKAJAN DURDYÝEW,
Ýazyjy, dosent, Türkmenistanyò ussat mugallymy,
Türkmenistanyò Ýazyjylar birleºiginiò
Berdi Kerbabaýew adyndaky baýragynyò eýesi.
MILLI MERTEBE MUKAMY
Çeper edebiýat näme?
Edebi zehin näme?
Wagt geçýär, täzeden-täze, ezberden-ezber ýazyjy-ºahyrlar orta çykýar. Her täze zehiniò edebiýat meý472
danyna gelmegi bilen, ýokarky soraglaryò jogaby gitdigiçe aýdyòlaºaýjak ýaly welin, tersine, ol barha
çylºyrymlaºýar. Sebäbi her bir çyn zehin edebiýata
belli bolmadyk öwüºginler, öwrümler, keºpler getirýär.
Anha, onsoò, ýaòy çözgüdini tapdym edeòkirlän sowalyò üstüne täze sowallar münýär.
...Çärýek asyr mundan öò, ýaºajyk talypkak, “Sowet
edebiýaty” (häzirki “Garagum”) urnalynda ºol wagtky ýaº ýazyjy Agageldi Allanazarowyò “Ýedi däne”
atly ilkinji powesti çap edildi. Mugallymlaryò maslahaty bilen, Türkmen döwlet uniwersitetiniò talyplarynyò arasynda bu eser barada pikir alyºmagy karar
etdik. Maslahata ýazyjynyò özem geldi. ªonda talyp
talabymyz, gögele gömelteýligimiz, jahyl jedelkeºligimiz
bilen, powestiò üstüne topulyºymyz ýadyma düºýär.
Ýazyjynyò bar aýdylanlary ünsli, sabyrly diòläp oturyºam
ýadymda...
ªeýle bir hekaýat bar:
Allatagala aty ýaradansoò, beýleki janly-jandarlary
ýygnap, bu iºe baha bermeklerini sorapdyr. ªonda düýe
birýandan çykyp: “Bu janawaryò galan ýer-ä bolýar
welin, ºu boýnunam has egri eden bolsaò, juda owadan
boljak eken” diýipdir. Soòra eºek aýdypdyr: “ªunuò
gulaklaram meniòki ýaly uzyndan salpyrak edilen bolsa, tüýs gelºigine geljek eken”. Öküzem öz gezeginde
bögürip, bu atyò synasynda ýekeje ýetmeziò bardygyny — iki sany ºahyò kemterlik edýändigini ýaòzydypdyr.
Biziòkem ºol gezek ºol “synçylaryòky” ýaly bolaýdy öýdýän.
473
Eýsem, bizi ºol wagt gyjyklan, öjükdiren zatlar
nämedi? Ilkinji nobatda, powestiò ºol wagtky edebiýat
teoriýasynyò köp kada-kanunlaryna gabat gelmeýänligidi. Iò bir üºerden zatlaryò birem — powestiò diliniò
ýylmanak, owadan jümlelerden ybarat däl-de, birhili,
büdür-südürräkmi, tikenliräkmi, tokga-tokgarakmy, aý,
garaz, baºgaçalygydy...
Indi görüp otursak, ºo zatlar “Ýedi dänäniò” kemçiligi
däl-de, eýsem, artykmaçlygy, türkmen edebiýadyndaky
baºgaça, üýtgeºik bir kyssanyò baºlangyjy eken. Mugallymlarymyz ala-böle ºol poweste biziò ünsümizi çekmäge çalyºmalaram ýöne ýere däl eken.
...Ynha, bu gün ºol “Ýedi däne” ýene elimde. Bu
eser bilen bir döwürräkde, nusgalyk hökmünde öòe
sürlen keºpleriò, gahrymanlaryò köpüsi möwritini ötürip,
döwrebaplygyny ýitirdi. Emma esger Nazarowyò ºol
juwanlygy, ºol garagol hyýalbentligi, ºol açykgöwün
sadalygy.
Agageldi Allanazarowyò ýazyº usulam, onuò gahrymanlaram, daºyndan göräýmäge, sadalaç ýaly. Emma
olaryò dünýäsine içgin aralaºdygyòça, ºol sadalygyò
aòyrsynda nähili çuòlugyò, nähili öwrümleriò ýatandygyny görüp haýran galýarsyò. Ynha, goja awçy bilen
agtyjagy çöl içinde tirkeºip, hümürdeºip, käte bir-birlerine sala salºyp, käte-de bir-birini gi eläp gidip barýarlar. Gojanyò bu gün awy oòanok. Ol muòa öz
agtygynyò ýanynda niçikler müýnürgeýär, öz-özüne
käýinýär, agtygyna beren sözüniò yzynda durup bilmeýänligine örtenýär. Emma... ýaòky gojanyò yzyna düºüp
474
gelýän oglanjygyò entek bu dünýäniò dirileriniò hatarynda ýokdugyny, onuò ºindi niçe ýyllar bäri diòe
gojanyò hyýalynda, arzuwynda ýaºap ýörenligini soòsoòlar aòºyryp galýarsyò (“Goja” hekaýasy).
ªeýle duýdansyz öwrümler, ýönekeý zatlaryò arasynda gizlenen çuòòur, müdimilik pikirler, pelsepeler
ýazyjynyò eserleriniò islendik döwürde, islendik ýurtda
höwes bilen okalýagyny üpjün edip bilýär.
...Ýazyjynyò eserlerinden çen tutup, ony haçan, näçe
ýaºynda ýazanlygyny anyklamak kyn däl. Sebäbi ýazyjy
diòe bir ömrüò dowamynda ençeme adamyò ömrüni
ýaºamaga ýetiºýär. ªonuò üçinem ol öz eserinde bir
görseò, neresse çaga ýaly, bir görseòem, köpügören,
pähimdar goja ýaly. Çingiz Aýtmatowyò Agageldi Allanazarowyò “ªol bir gezek uçan it” atly eserine uly
baha berip ýazan sözbaºysyndaky “Çagalara uly bolup
görünmegiò hökman bolºy ýaly, ululara hem çaga
bolup görünmek hökman” diýen sözleri ýadyòa düºýär.
ªu sözleri ilkinji nobatda ýazyja degiºli hasap edip, ony
ºeýleräk düºündirmek mümkin: ýazyja çagaka-ha uly
bolup, uluka-da çaga bolup, hatda, bagyºlaò weli, at
ýa-da it, gurtmudyr guº bolubam görmek hökman.
Eger ºeýle bolmasa, “Iner ýüki”, “Çat açan menzil”,
“Gyr atyò howalasy”, “ªol bir gezek uçan it” ýaly
powestleri, “Ak ýelken”, “Goja”, “Zenan bagty”, “Urºa
giden adam”, “Çabdary” ýaly hekaýalary nädip ýazjak?
Ynha, “Iner ýüki” uruº döwründe kakasynyò,
agalarynyò, tutuº “serdarlar” neberesiniò erkekleriniò
475
ornuna galyp, ºolaryò barynyò ýüküni öz ejizje gerdenlerine alan oglanjyk. Ony okasaòyz, bu eseri ýazan
adamyò uruºdan has soò, 1948-nji ýylda doglandygyna
ynanmarsyòyzam.
“Çat açan menzil” bolsa sizi has aòryk — XX
asyryò 20-nji ýyllaryna tarap alyp gider.
Ýa-da “ªol bir gezek uçan it” atly erteki-powesti
okap: “Bu adam itleriò, möjekdir tilkileriò ýa-da
garaguºlaryò dilini nireden bilýärkä?” diýip, geòler
galmagyòyz gaty ähtimal.
Hawa, hakyky ýazyjy ºeýle diýdirip bilýär.
Ýok, ýazyjam asmandan inäýenok. O-da iller ýaly,
ýerde doglup, ilki emedekläp, soò deò-duºlary bilen
basalaºyp, kowalaºyp, okap, iºläp ulalýar. Ýöne ºol ulalmanyò barºynda, ol köp zatlary baºgaça görýär, baºgaça
eºidýär. ªo-ol bir gezek görlen wakalar, eºidilen sözler
beýlekileriò gözüne-gulagyna ilenem däldir ýa-da ilen
badyna ýatdan çykyp gidendir. Emma o zatlar geljekki
ýazyjynyò welin ömürlik ýüregine ornap, beýnisine
çümüp galýar. Wagty gelibem köp zatlaryò täsiri bilen,
ºol görlen-eºidilenlerden täsin-täsin eserler döreýär.
Ýeri gelende, ýazyjy Agageldi Allanazarowyò terjimehaly hakda-da öz bilýänlerimi aýdyp bereýin. Ol,
öòde aýdyºym ýaly, 1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyò Marçak obasynda dünýä inýär. Obalaryndaky
orta mekdebiò 8-nji synpyny tamamlan dessine-de Mary
ºäherindäki mugallymçylyk mekdebine okuwa girýär.
Bu ýerde edebiýat älemindäki ilkinji ºowly ädimlerine
ýol açylýar. Soòra ol goºun gullugyna çagyrylyp, de476
santçylaryò sapynda gulluk borjuny abraý bilen berjaý
edýär. ªol wagta çenli ýazyp ýetiºen goºgularydyr
kyssa eserleriniò kömegi bilen, harby gullugyò yzysüre,
Moskwanyò A. M. Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyna okuwa kabul edilýär. ªol okuwy tamamlaýançada ol özüniò özbaºdak döredijilik ýoluny diòe saýgaryp-seljermek däl, eýsem, ºol ýoly ägirt-ägirt halypalar
tarapyndan ykrar etdirmäge-de ýetiºýär.
Agageldi Allanazarowyò edebiýat meýdanyna ºeýle
ynamly gelip, bada-badam ol ýerde öz ornuny tapmagynyò tötänlik ýa-da “arkalylyk” däldigini ýazyjynyò
soòra yzly-yzyna neºir edilen “Günüò öýi”, “At gaýraty”,
“A” ýazýan”, “Ýedi däne”, “Iner ýüki”, “Üç murtlak
kapitan”, “Çat açan menzil”, “Gyr atyò howalasy”
ýaly kitaplary hem-de dünýäniò dürli dillerinde çykan
beýleki köp sanly eserleri subut etdi. Edebiýatda bitiren
hyzmatlary üçin ýazyjy 1983-nji ýylda Türkmenistanyò
edebiýat we sungat boýunça Ýaºlar baýragyna mynasyp boldy.
Çyn bagºyny sesinden, sazandany kakuwundan, çyn
bedewi toýnak urºundan tanap bolýar. Eýsem, hakyky
ýazyjyny haýsy alamatlardan tanasa bolar?
ªeýleräk bir ahwalat, belki, size-de tanyºdyr: öò bir
ussadyò elinden çykan gowy goºgynyò ýa-da aýdymyò,
hatda kyssa eserleriniò käbir setirleri oslagsyz ýagdaýda
birden hakydaòa gelýär-de, hiòleneniòi ýa-da
pyºyrdanyòy duýman galýarsyò. ªonda ol setirler öz
kalbyò bir ýerlerinden çogup gelen ýalam bolaýýar.
Sebäbi olar ýürege ºeýle bir ýakyn, ºeýle bir mähriban.
477
Golaýda men Türkmen döwlet neºirýat gullugynyò
tabºyrygy bilen, Ata Gowºudowyò “Dordepel” kitabyna sözbaºy ýazmak üçin kelle döwýärkäm, “Dordepel
mydama biziò ganymyzda at salyp ýör” diýen jümle
dilime geldi-de, begenip ur-tut muny kagyza geçirmekçi
boldum. Soòam aýdyma meòzeº bu üýtgeºik jümläniò
ºeýle aòsat tapylyºyna geò galyp, gitdim iòkise.
G. Ezizowdyr H. Kulyýewden baºlap, öz eý görýän
ºahyrlarymyò barynyò diwanlaryny dörüp çykdym. Iò
soòda-da:
“Gulagyma özüme ýakynlap gelýän Gyr atyò güpürdisi eºidilýär. Soòundanam ºol güpürdä meòzeº sazlaºykly
urgular kem-kemden meniò ýüregimi eýeläp ugraýar.
Her gezek meniò ýüregim at toýnaklarynyò sesi bilen
bir perdeden gopup ugran mahaly Gyr at dabyrdap,
meniò ganymda aýlanyp ugraýar”.
Bu setirler asyl Agageldi Allanazarowyò “Gyr atyò
howalasy” atly powestinde öòräkden bäri lowurdap
duran bolsa nätjek!
Ýazyjylykda iòòän synçy göz bilen jam ýaly gulak
hem duýgur ýürek örän derwaýysdyr welin, ºol gözdür
gulagyò hem ýüregiò tapan zatlaryny beýana salmak
üçin gaty jadyly dilem gerek. Ynha, ýokarda ýatlanan
powestden ýene bir parçajyk:
“Gyr at her ýerden bir basyp, göwün imrindirip
çapan mahaly, ony görmäge göz gerek. Agzybir iniºip
düºýän toýnaklaryò aºagyndan ot syçraýar. Töweregiò
süòòünde maýdaja saòòyldy peýda bolýar. Gyr at
ºemala ýazylyp pasyrdaýar. Ol haýsy menzile ýetse,
478
bada-bat ºol menzil özgermek bilen. Töwerek lowurdap,
öýe täze gelin giren ýaly, göze ýakymly alamata öwrülýär. Gyr at seleò meýdan bilen otlary göwüsläp gelýän
wagty, ol kükregi bilen tolkunlary öòüne salyp, daº-töweregine suw syçradyp, suwdan çykyp gelýän suw
atyna meòzeýär.”
Agageldi Allanazarow näme hakda ýazsa-da, bar
zada jan salyp, bar zady adamlaºdyryp hem-de
türkmenleºdirip bilýär. ªu ýerde ýaºuly galamdaºlarymyzyò biriniò Agageldi Allanazarowyò döredijiligi
hakda ºeýleräk pikir aýdany ýadyma düºýär: Agageldi
ýazan zadyna öz adyny ýazmasa-da, onuò ºonuòkydygyny bir alamatdan — türkmen äheòinden, diòe
türkmene mahsus bolan inçe zatlary tutuºyndan bilse
bolýar. Muny baºarmak üçin bolsa, ganyò mydama
Gyr at ýaly iki ýana dabyrap, at salyp ýören bolmaly.
Agageldi Allanazarow, iò bärkisi, “Sallam-sajak bulutlary döw münen ýaly münüp geljek ýaz ýagmyry”
diýip ýazanda-da göwnüòe, ºol döwe meòzeº bulutlaryò gerºinde türkmenleriò buýra-buýra silkme telpegi
görnüp giden ýaly bolýar. Bu häsiýeti, bu alamaty
“millilik” diýlen söz bilen düºündirse bolar.
Agageldi Allanazarowyò eserleri dünýäniò haýsy ýurdunda (Russiýada, Ýewropada, Ýaponiýada, türki dillerde)
çap edilse-de, onuò tutuº döredijiligine mahsus bolan
millilik öwüºgüni bada-bat göze ilýär. Bu öwüºgin, bu
aýratynlyk has-da gowy, aýyl-saýyl görünýän bolsa gerek.
Agageldi Allanazarowyò eserleriniò Moskwada çykan ýygyndysyna belli rus edebiýatçysy, terjimeçi W.
479
Orlowyò ýazan sözbaºysynda ºeýle diýilýär: “Hatda
kim-de-kim entek Türkmenistanda bolmadyk-da bolsa,
onuò ýurdunyò bol çoguna çoýunmadyk, ol ýerde
ýaºaýan giò göwrümli, mertebeli, zähmetsöýer halky
görmedigem bolsa, Agageldi Allanazarowy okansoò, ol
ýurdy söýüp, sarpalap, hormat goýup ugraýarsyò. Bu
häsiýet diòe hakyky, milli ýazyjynyò döredijiligine
mahsusdyr...”
Millilik — gaty inçe, düºünmesi kyn düºünje. Muòa
öò ýazyjynyò artykmaçlygyny, ussatlygyny aòladýan
söz däl-de, eýsem, onuò garºysyna ulanylýan ullakan
aýypnama hökmünde seredilen wagtlaram boldy. Emma
Agageldi Allanazarow ýaly çyn ýazyjylar ºol döwürde-de milli bolmaklykdan gorkmandylar. Muny aòan
Kerim Gurbannepesow ýaly ägirt halypalaram: “Bu
zaluwatjyk... türkmen ata çykmaly diýýär, oòa Gyr
atyò howalasy gerek diýýär” diýmekden, ony goldamakdan çekinmändiler.
Eýsem, eseriòe nädip “milli” diýdirip bolýar? Don-telpek bilenmi? Atdyr düýe bilenmi? Ýa-da pajarly,
haýbatly, gabarak sözler bilenmi?
Ýok, ýok-la!
Sen müò keren, million gezek “Türkmen! Men —
türkmen!!!” diýip gygyraý, seniò o gykylygyòa pitiwa
etjek ýokdur.
Emma eserleriòde ar-namys, abraý üçin, özüòden on
esse güýçli adamlar bilen, olaryò a darha ýaly itleri
bilen dikleºmekden gorkmaýan oglanjygyòam keºbini
480
döredip bilseò (“Iner ýüki”), onda seniòem, ol oglanjygyòam kimdigini soraman bilerler.
Türkmen häsiýetiniò edil Görogly ýaly murtlaryny
towlap, gözlerini alardyp, ör-boýuna galýan pursadyny
siz “Çöl kanuny” atly hekaýada-da görersiòiz. Ol häsiýet bu gezek Jumagylyjyò we onuò garryja ejesiniò
keºbinde jemlenipdir.
Ynha, Jumagylyç öz gandar duºmany — bolºewik
esgerbaºysy Semýony halas edip, ýaralaryny bejerip,
indem ugradyp barýar. Duºmany ilk-ä oòa müòkürlenýär, soòam nädip minnetdarlygyny aýan etjekdigini
bilenok. Ine-de, Jumagylyjyò iò soòky sözleri:
“ — Ýoluòa git, ýoluòa. Seniò bilen takal okaºyp
durara mende wagt ýok. Sen meni göreòok, menem
seni. Onsoòam, men seni halas edemok, seni türkmen
agaò arkama-arka aýlanyp ýören, ejize eýe çykmak
däbi halas etdi.
...ªuny bilip goý! Sen meni nirede görseòem, aýamagyn,
gözümden urgun! Duº geläýseò, mendenem gowuluga
garaºma...”
Indiki duºuºykda Jumagylyç Semýonyò esgerleriniò
okundan wepat bolýar. Emma diòe namartlyk däl,
eýsem, mertligem ýokuºagan zat bolara çemeli. Semýon
öz hereketi üçin özüne nämäniò garaºýanlygyny bilip
dursa-da, Jumagylyjyò jesedini çöl ýerde gurda-guºa
taºlap gaýdybermäge razy däl.
“Näme üçin Jumagylyja meni — gyzyl komandiri
ölümden halas etmek bolýar-da, maòa onuò jesedini
adam ýaly jaýlamak bolmaýarmyº? Oòa çölüò kanu481
nyny ýatlap, ölümiò çukuryna aýak sallap oturan
duºmanyny alyp galyp, ata-babalara hormat etmek
bolýarmyº-da, men näme üçin hiç bir kitaba ýazylmadyk bu ýagºylygy etmeli dälmiºim?! Onsoòam, galyberse-de, menem ºu çölde doguldym ahyryn.”
Agageldi Allanazarowyò gahrymanlarynyò aglabasy,
anha, ºol ýazylmadyk, ýowuz, ýöne adyl kanun boýunça
hereket edýärler. ªonuò üçinem olary öldürip, ýok edip
bolýar, emma ýeòip bolanok.
Ony ýazyjy hiç ýerde gönüläp aýdanok, ony okyjynyò
öz-özi, öz ýanyndan pyºyrdap aýdýar.
Ony aýtdyrýan — Agageldi Allanazarowyò diòe
ynsan-gahrymanlaryna däl, haýwan-gahrymanlaryna-da
(“ªol bir gezek uçan itdäki” Möngözlüje, “Çabdarydaky” Çabdary we beýlekiler) mahsus bolan mertlik,
merdanalyk sypaty. Agageldi Allanazarowyò gahrymanlary ykbal çaýkawunyò herjüre oýunlaryna sezewar bolsalar-da, ºol mertlik mertebesini ýitirmän bilýärler.
ªeýle gahrymanlary bolan edebiýaty, ºeýle edebiýaty bolan millet, hiç güýç ýeòip bilmez. Sebäbi bu
edebiýatyò, bu mertligiò aòyrsy gaty düýpden — Oguz
handyr Gorkut atadan, Görogludyr Magtymgulydan,
Seýdidir N. Saryhanowdan... hem Agageldi Allanazarow
ýaly täze güýçlerden gaýdýar. Türkmende bu güýç
tükenmeýär.
Türkmeni täzeden ata çykaran Beýik Galkynyºlar
eýýamy bu gün ºeýle güýçlere, ºeýle eserlere giò ýol
açdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyò ägirt uly il bähbitli tagallalary netijesinde
482
edebiýatyò, sungatyò iò gowy nusgalaryny goldamaga,
olary halk köpçüligine ýetirmäge, ýaº nesli ºol nusgalaryò ruhunda terbiýelemäge uly mümkinçilik döredi.
Türkmende “Sen daga dag diýseò, dagam saòa dag
diýer” diýen dana söz bar. Agageldi Allanazarowyòky
ýaly gowy-gowy eserleri goldasaò, apalasaò, düºünseò
hem düºündirseò, ol eserlerem öz gezeginde halkyna,
Watanyna, döwrüne bimöçber nepini ýetirip, olaryò
abraýyny öòküsindenem artdyryp bilýär.
...Size ºu aýdan zatlarymy ýazmak üçin Agageldi
Allanazarowyò eserlerini, gör, näçenji gezek gaýtadan
okap çykdym. ªeýdibem, men bu ajaýyp ýazyjyny
özüm üçin ýene-de bir gezek täzeden açdym. Oòa
täzeçe düºündim. ªeýle bagty men, mähriban okyjylar,
size-de arzuw edýärin!
KÖMEK KULYÝEW,
ýazyjy.
TALANTDYR TALAP UTGAªANDA
Kimdir biri hakynda beletsiräp gürrüò edip ugran
adam: “Sen näme, onuò bilen goòºy oturdyòmy ýa
uzak ýola ýoldaº bolduòmy?” diýilýär. ªuòa kybapdaºrak
pikir Magtymgulyda-da duºýar:
Adam häsiýetini hiç adam bilmez,
Köp tirkeºmän, ony bir görmek bilen.
Gürrüò galamdaº dostum Agageldi Allanazarow barada
barýar. Bu makalanyò ýazylmagynyò sebäbem onuò elli
ýaºynyò dolmagy bilen bagly. “Men Agageldä ýeterlik
483
derejede beletdirin” diýsem, öte geçdigim bolmaz. Sebäbi
onuò bilen kän ýyllap duldegºir goòºy oturdyk. Alysýakyn ýollara bile ýoldaº bolubam gördük. Gündegünaºa diýen ýaly goòºular, dostlar bolºup iç döküºip,
goºgy okaºyp, delleºip, çekeleºip, dartyºyp oturyºan döwürlerimizem az bolmady. Ýadyma düºýär: oturylyºyk gyzyk,
gezek-gezegine goºgy okalyºyk baºlanar. Gezek Agageldä
ýetende, onuò näme okajagyny öòden beletler syr bildirmän,
içlerini gürledip ugrarlar. Näbetletlerem onuò gepleýºini
hörpünden, ol ýa-da beýleki ýazyjynyò belli-belli eserleridir döredijiligine çürt-kesik baha berºinden çen tutup,
üýtgeºik bir zat okar öýdüp üºerilerler. Agageldi ekezlenip, her söze saldam berip, okap baºlar.
Garagum kim üçin geò ekzotika,
Asyrlara, kän ýyllara ýaraºyk,
Geçdi oò üstünden müòläp han-begler,
Özi galdy kimdir birne garaºyp.
Näbeletler muny goºgynyò birinji bendidir, entek
dowamy bardyr öýdüp garaºarlar. Ýöne ol tamalary
çykmaz. Bolany ºü. Her oturylyºykda gaýtalanyp duransoò, üstesine-de, bary-ýogy bir bent bolany üçin,
muny hemmämiz ýat tutupdyk. Bu goºgyny häzirem
ºol döwürde ýadymda galyºy ýaly ýazdym. Dogrudygyna-ýalòyºdygyna seredäýeýin diýemde-de, onuò Agageldiniò haýsy kitabyna gireninem bilemok.
70-nji ýyllaryò baºlarynda “Nahalstroý” ýa-da “Gije
gonan” diýilýän ýerde Nobatguly Rejebow, Atamyrat
Atabaýew, Oraz Ýagmyrow hem men goòºy bolup
ýaºaýardyk. Ol wagtlar herimiziò birdir-ikidir kitaby484
myz çykyp, metbugatda yzygiderli çykyº edip, belli bir
derejede adygyp ugrapdyk. Agageldini ºol döwre çenli
görenim ýadyma düºenok. Ýöne onuò Moskwanyò M.
Gorkiý adyndaky Edebiýat intitutynyò studenti wagty
iberen “Enemiò äýnegi” atly goºgusyny öz iºleýän
redaksiýam bolan “Sowet Türkmenistanynyò aýallary”
(häzirki “Zenan kalby”) urnalynda çap edenimi bilýän. Özem ºol goºgynyò käbir bentleridir setirleri häzire
çenlem ýadymda dur. Bu onuò gowulygyndan habar
berýär. Howaýy öwýändir öýtseòiz, okap göräýiò:
Enem janyò äýnegi
Haýran eder hemmäni.
Tapsa bolýar, dakynsaò,
Keçä gaçan iòòäni.
Bu äýnegi dakynsam,
Meniò keýpim saz bolýar.
Serçelerem ulalyp,
Ördek bolýar, gaz bolýar.
Kerpiçmikä diýýärsiò
ªokaladlaò hersine.
Owsunyp dur ak deòiz
Baksaò süýtli kersene.
Garynjalar taýhary
Düºürip dur ýadyòa.
Gerek bolsa, gaòòalap,
Gidiber soò oduna.
Görkezeýin äýnegi
Bize myhman gelseòiz.
485
...Seredäýiò syçana,
Jojuk görjek bolsaòyz!
Görseòiz, goºgy kemi ýokdur! Çagalara niýetlenen
ºu hili eserler körpe okyjylaryò synçylygynyò, fantaziýasynyò ösmegine kömek edýändigi üçin gymmatly.
Ol okuwyny tamamlap geleninden soò biziò töweregimizden jaý salynarman boldy. Birnäçe gezek ýanymyza geldi. Gürleºip, tanºyp, ahyram “Oòat oglan ýaly-la” diýen netijä geldik. Meniò mellegimiò aýagujyndan — ýylyò-ýyly joºly sil suwunyò akyp geçýän
ýabyò hanasynyò eteginden oòa ýer berdik. “Alsaò —
aýal,gonsaò — ýurt bolar” diýliºi ýaly, ol ýeri bolºuna
görä tekizleºdirip, jaýynam salyºdyk. Ol wagtlar häzir
hersi bir deräniò ºiri bolup ýören ýazyjy-ºahyrlaryò,
urnalistleriò, hudo nikdir kompozitorlaryò... ençemesiniò
ºol töwereklerde mesgen tutunany üçin, kömegimiz azlyk
eder ýaly däldi. Aramyzdan juda ir giden söwer dostlarymyz, agalarymyz, halypalarymyz bolan Gurbannazar Ezizow bilen ºondan kän ýyl geçeninden soò beýik
Magtymguly barada ajaýyp doktorlyk dissertasiýasyny
ýazan, üstünlikli goran Muhammetnazar Annamuhamedowyòam birnäçe gezek ýanymyza baryp, bize wremýanka (wagtlaýyn jaý) salºany ºu günki ýaly ýadymda...
Agageldi Allanazarow bilen tanyºlygymyz wagt
geçdigiçe berkäp, dostluga öwrülip gitdi. Özem ol —
wagtyò her hili kynçylyklarynda, synaglarynda toplanan, hantamaçylyk ýa bähbit aralman, birek-birege hormat-söýgüden, ýürekdeºlikden ugur alýan hakyky dostluk.
486
Köpümiziòki ýaly, Agageldiniòem adaty terjimehaly bar. 1948-nji ýylda Tagtabazar etrabynyò Marçak
obasynda doglan. ªol ýerdäki orta mekdebiò 8-nji klasyny
tamamlap, soò Marynyò peduçiliººesinde okuwyny dowam
etdiripdir. 1969—1971-nji ýyllar aralygynda harby gullukda bolýar. Soòra bolsa öòde ady agzalan instituty
tamamlap, Aºgabada iºe gelýär.
Çaky, harby gulluk oòa köp zat beren bolarly. Men
muny onuò ºol döwür barada ýazan ululy-kiçili eserleriniò köplüginden çen tutup aýdýaryn. Onuò “Ýedi
däne” atly gowy powesti gönüden-göni harby gullukda
gören-eºiden, duýan, baºyndan geçiren wakalarynyò
çeper beýany. Bu eser ekranlaºdyrylyp, “Hoº gal, meniò
parfiýalym!” atly doly metra ly çeper film surata
düºürildi.
Atlary tutulan powestdir filmde-de bar welin, onuò
özem paraºýutly böküºi barada kän gürrüò berýär.
Oglanlara-da näme, gülere zat tapylsa bolany. “Türkmen edebiýatynyò üstüne gös-göni paraºýutly düºen iki
adam bar. Bir-ä Towºan bajy (Esenowa), beýlekisem —
Agageldi. Paraºýutlary açylmadyk ýagdaýynda ýa-da
ºemal güýçlüräk bolaýan bolanlygynda-da, olaryò baºgarak
ýere düºmekleri ahmal eken” diýýärler. Bu bir gülüºmek
üçin aýdylýan zat. Olaryò ikisem düºjek ýerlerini bilip
ýalòyºmandyrlar. Esasy mesele ºunda...
Agageldi turuwbaºdan çagalar ºahyry hökmünde
adygyp ugrady. Muòa onuò türkmen hem rus dillerinde (Moskwada) neºir edilen ençeme kitaby ºaýat. ªu
487
ýerde gepiò gerdiºine görä, bir zady ýatlasym gelýär.
Diòe “Türkmenistan” neºirýaty barka bizde çagalar
üçin eserler döredýän ýazyjy-ºahyrlar sähelçedi. “Magaryf” neºirýatynyò açylmagy bilen, ozal ulular üçin
eser ýazyp ýörenleriòem aglabasy körpejeleriò üstüne
“sowgat” baryny ýagdyryp ugradylar. Çagalar üçin zat
ýazaryn öýdemokdym welin, hatda meniòem iki kitabym
dagy çykdy. Beýlekiler hakda-ha gürrüòem ýok. “Ullakanja piljagaz” diýen ýaly, sözleriò yzyna “ja-je, jykjik” ýaly goºulmalary goºsaò, çagalar üçin eser bolýandyr öýdüp, baý, kitap köki ýazylda! Özleriniò gysylyp çykarylyp barýandyklaryna howpurgan “ýer eýeleri”
haýdan-haý “mellekçileriò” örüsine aralaºyp, ulular üçin
eser ýazmaga baºladylar. Ine, häzir kagyz gytlygy
zerarly, neºrýatlaryò iºleýºiniò weji ýok welin, kimiò
haºsy ýaºdaky okyjylar üçin näme ýazanyny biler ýaly
bolan däldir, görseòiz. Agageldi çagalar üçinem, ulular
üçinem eser ýazmaga bu ýagdaý çykmazyndan öò
baºlapdy. Onuò goºgulary, poemadyr ertekileriniò agramly
bölegi — çagalara, hekaýalarydyr powestleri bolsa ululara niýetlenilen. Hut özüm-ä Agageldiniò iki anrdaky eserlerinem deò derejede söýüp okaýan. ªu ýerde
men öz döredijilik ugrum boýunça söhbeti onuò ulular
üçin döreden goºgularyna syrykdyraýmaly ýaly welin,
beýtmekden saklanasym gelýär. Sebäbi Agageldiniò uly
ýaºly okyjylara niýetläp döreden goºgularyny özünde
jemleýän “Söýgi pursatlary” atly kitaby barada Gurbanýaz Daºgynowyò “Ýagºylykdan ätläp bilmeýän ºahyr”
atly göwrümli makalasy eliòizdäki urnalyò geçen ýyl488
da çykan II-nji sanynda çap edilipdi. ªonuò üçinem,
men onuò çagalara niýetlenilen poeziýa hem ulular
üçin döreden proza eserleriniò käbirleri barada söhbet
açmak bilen çäklenmegi makul bildim.
Bir zady öòünden aýdaýyn: galamdaº dostumam
bolsa, Agageldiniò ähli kitaplaryny okadym diýsem,
göz-görtele ýalan sözledigim bolar. Asla-da, ýazyjylar
birek-biregiò eserlerini az okaýarlar. Bu babatda okyjylara telpek goýaýmaly! Bir ýerde bir zadyò çyksa, ºolar
okaýarlaram, gabat gelenlerinde pikirlerinem aýdýarlar.
Edebiýata ýaòy gyzygyp ugran döwürlerimizde özümizem
ºeýledik. Indi welin Emil Krotkiniò: “Hiç zat okamazdy. Sebäbi ol — okyjy däl-de, ýazyjydy” diýen
ýaòsylamasyny boýun alaýmakdan baºga çärämiz ýok...
Ýeri gelende, bir zady nygtasym gelýär. Dostlaryò
ýa beýleki galamdaºlaryò ýubileýleridir baºga dürli
sebäpler mynasybetli makalalary ýazmak juda peýdaly
zat. Peýdalydygynyò sebäbi — bahana bilen olaryò
birgiden zatlaryny okamaly bolýarsyò. Ýogsa özüò hakda ýazylsa-ha gabarylyp, hoº bolup, baºgalar hakda
ýazmaly bolsa-da sapalak atyp, bahana arap ýörmegem
adamçylygyò alamaty däl.
Agageldiniò ºu wagta çenli ýyllarda, dürli dillerde
neºir edilen kitaplarynyò sany häzirki ýaºynyò ýarsyna
deòeçerräk boluberendir. Muny men onuò haçan gabat
geliºsek: “Ine, o kitabym çykdy, ine, bu kitabym çykdy”
diýen buºluklarynyò sanyndan çen tutup aýdýan. “Gep
sanda däl-de, hilde” diýen söz bar. Olaryò hiliniò
derejesini kesgitlemegiò ýeke-täk usuly — mysallara
489
ýüzlenmek. “Deòziò suwunyò ºordugyny bilmek üçin
bir damjasyny diliòe degrip görmegem ýeterlik” diýliºi
ýaly, menem dostumyò çagalara niýetlenilen kitaplarynyò baryna salgylanyp oturman, diòe biri bilen bazar eýlemekçi. 1991-nji ýylda “Magaryf” neºirýatynda
çykan “Bir bar eken...” diýlip atlandyrylan ol saldamly
kitaba Agageldiniò goºgulary, ertekileri hem poemalary
girizilipdir.
Kitabyò “Harplyk” atlandyrylan baºky bölüminde
ºahyryò elipbiýdäki harplaryò hersi barada bir bentden
ybarat goºgulary ýerleºdirilipdir. Ählisi barada söhbet
açmaga mümkinçiligimiziò ýoklugy sebäpli, ºolaryò
käbirlerini mysal almak bilen çäklenmekçi.
Bulutlar
Irden kölüò gujagyndan
Topar bulut çykyp gitdi.
Öl-suw bolan geýimlerni
Üstümize sykyp gitdi.
Garpyz
Garpyz Güne çoýundy,
Suwdanam içdi doýup.
Indem garnyn sypap dur,
Matros maýkasyn geýip.
Ýolka
Oòa hödür etse-de,
Her pasyl bir köýnegi,
Halaýar ol baharyò
Köýnegini geýmegi.
490
Ik
Pyr-pyr, pyr-pyr pyrlandy
Ol enemiò elinde.
Garny ýognap ulaldy,
Horjady ol gelende.
Keýigokara
“Görsün” diýip keýikler,
Çykyp dur ol belende.
Buldy sagyp, dolduran
Käseleri elinde.
ªemal
Baglaò baºlarny
Her ýana yrap,
Berýär guºlara
Hiòòildik gurap.
Islendik zat hakda çagalara niýetlenilip, dürli anrlarda döredilen eserleriò sany-sajagy ýok. Olar bizdede azlyk eder ýaly däl. Ýöne ºol eserleriò çagalaryò
kalbyna ornap, olaryò ýakyn hemralaryna öwrülip
bilenleri o diýen kändir öýdemok. Körpe okyjylarynyò
göwnünden turmak üçin olaryò psihologiýasyna, gyzyklanýan zatlarydyr pikirleniº aýratynlyklaryna beletlik gerek.
Bu juda seýrek adama, has dogrusy, çyn zehin eýelerine baºardýar. Agageldem ºolaryò biri.
Agageldi Allanazarow ençeme powestlerdir hekaýalar ýygyndylarynyòam awtory. Men dürli ýyllarda
onuò “Ýedi däne”, “Çat açan ýürek”, “Iner ýüki”,
“Kalbyma hem alyslara syýahat” atly kitaplaryna giren
ululy-kiçili eserleriniò birnäçesini okap gördüm. Onuò
“Goja”, “Çöl kanuny”, “Alabaý” ýaly hekaýalary
491
wakalarynyò dartgynlylygy, gahrymanlaryò içki
dünýäleriniò ynandyryjy açylyp görkeziliºi, çeperçilik
seriºdeleriniò göwnejaý ulanylyºy bilen okan adamyò
aòynda gowy täsir galdyryp, kalbyna berk ornaýar.
Agageldiniò “Kalbyma hem alyslara syýahat” powestinem ºularyò hataryna goºasym gelýär. Bu eseri golaýda uly höwes bilen okap gördüm. Ylmy iºim bilen
baglylykda içgin gyzyklanan döwrüm — ºu asyryò
baºlarynda Aºgabatda, has dogrusy, tutuº Türkmenistanda bolup geçen wakalar barada söhbet açýan bu
eser bilmeýän zatlarymy öwredip, kemterräk bilýän
zatlarymyò bolsa üstüni ýetirdi. Hut ºunuò üçinem,
men awtora çyn ýürekden minnetdarlygymy aýdasym
gelýär!
Çeper döredijilikde talant bilen talabyò utgaºmagy
hakyky eserleriò dünýä inmegine ºert döredýän esasy
zatlaryò biridir. Zehin ýokundysyna eýe bolany bilenem, döwrüò hem okyjylaryò nähili derejedäki eserleri
talap edýändigini duýmaýan, düºünjesiniò gözýetiminiò
çygry eliò aýtymyndan giò bolmadyk ýazyjydyr ºahyryò alga alar ýaly eser döredip bilmejegi köre hasa zat.
Munuò ºeýledigini biz göre-göre gelýäris. Agageldiniò
döredijiliginde talant hem talap biri-biri bilen berk
baglanyºyklylykda, utgaºyklylykda dowam edýär. ªeýle
bolmadyk bolanlygynda, onuò eserleri dünýä halklarynyò
ençemesiniò dillerine terjime edilmeg-ä beýlede dursun,
hatda öz ilimizde-de okyjysyny tapmazdy.
Döwrüò talabyny duýmak hem oòa eýermek üçin
giò gözýetim, ýiti üºüklilik gerek. Gürrüòini edýän
492
awtorymyz ol zatlaryò ýetmezçiliginden kösençlik çekenok. Hut ºonuò üçinem, onuò eserleriniò örüsi barha
giòäp, okyjylarynyò sany barha artyp barýar. Ýeri
gelenine görä, bu aýdylanlary tekrarlaýan ýekeje fakta
ünsi çekesim gelýär. Öòräk ol maòa “ªol bir gezek
uçan it” atly özümizde rus dilinde çykan kitabyny
görkezdi. Kitaby açanymda, dünýä belli gyrgyz ºahyry
Çingiz Aýtmatowyò bu esere ýazan sözbaºysyna gözüm
düºdi. Elbetde, bu ýazgynyò tanyºlyk ýa-da ºahsy
gatnaºyk netijesinde däl-de, beýik ussadyò eseri halandygy
üçin ýazylandygyna ynanýan. Aslynda, ilhalar eseri
döredibilseò, irde-giçde öz mynasyp bahasyna eýe bolýandygyna baºga-da mysal gyt däl.
ªu wagta çenli halkymyzyò golaý geçmiºde baºyndan
geçiren wakalary bilen gyzyklanyp,birnäçe gowy eserler döreden Agageldi soòky döwürde taryhyò has çuòòur
gatlaryna batyrgaýlyk bilen aralaºyp ugrady. Häzir ol
uly göwrümli taryhy eseri tamamlamagyò aladasy bilen
ýaºaýar. Özi aýdyp ýörmese-de, men muny onuò
gyzyklanýan materiallarydyr dörünýän kitaplaryndan,
käte gabat gelºenimizde edýän gürrüòlerinden çen tutup aýdýan.
Elli ýaº — aklyò goýalyp, zehiniò pajarlap ösýän,
geçen ýoluòy paýhas eleginden geçirip, indi aºmaly
menzilleriòe has taýýarlykly gadam urulýan döwür.
Galamdaº dostumyò häzire çenli eden iºlerinden göwnüò
suw içýär, gözüò dokunýar. Bu jogapkärli sepgidiò
ikinji ýarymynda-da onuò gadamlarynyò batly, zehininden dörän miweleriò datly boljagyna özüm-ä ynan493
ýan. Muòa ähli okyjylaram ynansalar, ýalòyºarlar öýdemok.
KAKABAÝ GURBANMYRADOW,
ªahyr.
VII-1998 ý. “Garagum” urnaly.
“BIZDEN ÖKDELEREM BAR...”
“Hemme zady bilýändirin, bar zatdan baºym
çykýandyr, hemmelerden ökdedirin” diýip, göwün ýüwürdip ýörmek gelºikli närse-hä dälmikän öýdýärin. Dörediji
adam özi hakda ºeýle pikir edýän bolsa hasam erbet.
Çünki kämilligiò çägi ýok. Ilçilik-dä, ökdedenem ökde
tapylaýýar. Üstesine-de, bir akyldaryò aýdyºy ýaly:
“Özi-özünden pürepür doly adama hiç zat öwredip
bolmaz”. Hawa, bu uly durmuºyò özi mugallym. Gep
ondan sapak almakda. “Meniò ukybymy görenoklar”
diýmek ýalòyº. Haýdaber öz käriòde! Bu durmuº barybir, ol ir-u-giç her kesiò öz eýelänje ýerini görkezer.
Seniò ýeriòi ile, iliò ýerini saòa bermezler!
...Bu wakanyò bolup geçenine tas otuz ýyl dagy
geçenem bolsa, henizem ºu günki ýaly ýadymda. Meºhur
Sapar gyjakçynyò ogly Orazmuhammet aga göz hassahanasynda ýatyp çykandan soò özüni bejeren lukmanaryny myhmançylyga çagyrdy. “Geljek myhmanlaryò
arasynda seniò galamdaºyòam bar. Gel, aýdym-sazam
boljak” diýdi.
Orazmuhammet aganyò “galamdaºyò” diýýänini gaty
gowy tanaýardym. Ol özüne biçak göwni ýetýän, az-kem gyzmarak, sowatly-düºünjeli, aýdym-sazdanam oòat
494
baº çykarýan adamdy. Ýazyjylygam gowudy. Özüne
aºa göwni ýetýändigi, megerem, onuò kemçiligi däldi.
Näme, özüne göwni ýetmeýän adam barmy dünýede?!
Mahlasy, Orazmuhammet agalara bardyk. Myhman
gelen lukmanlaram ºahandaz, märekesöýer ýigitler eken.
Degºip-gülºüp, iýip-içip oturyºymyza esli wagt geçeninem
duýmandyrys. Naharyò yzy çaý içiºlige ýazdy. ªondan
meniò galamdaºym öý eýesine ýüzlendi:
— Hany, Orazmuhammet kakaò dutaryny al bärik!
Galamdaºym gopuz ýaly düòòürdäp duran dutary
eline aldy-da, ony dyzynyò üstünde saklap, oturanlara
ýüzlendi:
— Adamlar, ºuòa dutar diýýärler. Iki tary, iki
gulagy bar, kädisi bilen sapam bar. Araòyzda ºuny
çalyp bil-ýäniòiz bar bolsa-ha, gezegi ºoòa berjek. Ýogsada bir sagat dagy galmagal ediºmän, ümsümje oturyp,
diòlemeli borsuòyz — diýdi.
Oturanlara-da geregi ºoldy. Ol ara salym bermän,
çalyp baºlady. Garaz, bir sazyò bärsinden girip, aòyrsyndan
çykyp bilýär. Çalºam, oturanlaryò arasynda ondan ökderägi ýok bolsa, diòlemezçe däl. Onda-da keýp-sapa edilip
oturulan ýerde. Ol, öz aýdyºy ýaly, bir sagatdan gowrak çaldy-da, dutary diwanyò arkasyna söýedi. Çaýa
ýapyºdy.
Lukmanlaryò arasynda Babageldi atly ýaº, syratly,
edepli, alym ýigidem bardy. Ol meniò galamdaºyma
ýüzlendi:
— Halypa, menem birki heò çalaýsam bolar-la.
Galamdaºym oòa seòrigini ýygrybrak seretdi:
495
— Bahyl agaçdyr öz-ä. Synanyºyp göräý. Menden-ä
saòa rugsatdyr.
Babageldi dutary eline alyp, gulaklaryny özüçe sazlady. Eºegini ýarym dyrnak öòräk süýºürdi. Sapyny
dözümli sypalady. Kiriºlerini gulagyna diräp, çalaja
kakyp gördi. ªu iºleri howlukman berjaý edensoò,
Mylly aganyò çalýan sazlarynyò birýan ujundan girip
ugrady. Ilki sadaja sazlardan baºlap, soòra “Dag armana” dagam ýapyºyberdi. Orazmuhammet aga baºlyklaýyn
barymyz bir gulaga öwrülip, ýapyrylyºyp diòläp otyrys.
Giò jaýyò içi ºirin-ºirin owazlardan doldy gitdi. Käbir
sazlary gözüòi ýumup diòleseò, “ªü-hä Mylly aganyò
çalºyna meòzemänem duranok” diýdirýär.
Soò seredip otursak, Babageldi Mylly aganyò ady
goýlan agtygy, ezber sazanda Annaseýit Annamyradow
bilen öýlerinde otaglary mazaly garaòkyladyp, (ünsleri
sazdan sowulmaz ýaly) meºhur halypanyò sazlaryny
diòläp, saz öwrenýän ekenler. Üstesine-de, Babageldi
dutar ýasaýan ökde ussa ekeni. Ýöne bulary ýörite
hünär edinmän, lukmançylyk ugrundan gidipdir.
Galamdaºym Babageldi sazy çalyp baºlan badyna
çalaja gyzardy. Ol Babageldiniò dutary ele alan badyna öò düzülgidir öýdülen dutary täzeden düzüºini-de,
eºegini çalaja süýºürenini-de halamady. Ol ilki-ilkiler
Babageldä gaty bir göwni ýetmedigem bolsa, soòabaka
iki eli bilen eòegini penjeläp, özüni bilmän diòledi.
Babageldi alty-ýedi heò çalandan soò, jaýyò petiºligini
bahanalap, daºaryk çykyp gitdi. Hemmämiz ºirin heòleriò
jadysyndan aýòalyp bilmän, dymºyp otyrys. Içimden
496
“Il içinde gör, nähili zehinler bar. “Men bärdedirin”
diýºip, gygyrybam ýörenoklar. Aslynda bolmalysam ºeýle
ahyryn” diýip, pikir öwrüp otyryn. Megerem, meniò
töweregimdäkilerem ºeýle pikir edýärdiler. Jaýdaky
ümsümligi galamdaºymyò kalbyndan biygtyýar çykan
begençli, biraz degiºme äheòliräk, çynlakaý sesi bozdy:
— Bizden ökdelerem bar-ow, il içinde.
...Bäº-alty günlükde kyssa ýazmakda çaý baryny
sowadan, dünýäniò ençeme ýurtlarynda kitaby çykan,
ýapon dilinde çykan kitabyna zamanamyzyò meºhur
ýazyjysy Çingiz Aýtmatow sözbaºy ýazan, indem kämilligiò hyrkasyny geýäýmeli galamdaºym Agageldi Allanazarowyò “Ojak” kitabyny okap oturdym. Onuò
meºhur Sary hanyò keºbini çekiºine, bir edermen ýigit
bilen sözleºende, uly hana mahsus gep urºuna haýran
galyp, “Haý, zalywat, ºun-a alypdyr-ow” diýip, begenç
bilen baºymy ýaýkaýypdyryn... Käte begençdenem baº
ýaýkalýar-a.
Gapdalymda çaý içip oturan oglum bu bolºumdan
baºgaçarak many alan borly. Ol:
— Näme, okan ýeriòi halamadyòmy? — diýdi.
ªol mahalam galamdaºymyò ºo-ol birmahalky boýun
almasy ýadyma düºüp, ºony daºymdan gaýtalanymam
duýman galypdyryn:
— Bizden ökdelerem bar-how, ilde!
HUDAÝBERDI DIWANGULYÝEW.
28.05.2008 ý.
“Zaman” gazeti.
497
ÝAGªYLYKDAN ÄTLÄP BILMEÝÄN ªAHYR
(Agageldi Allanazarowyò döredijilik portretine ºtrihler)
1.
ªeýle bir hakykat bar: ynsan balasy öz islegine laýyk
ene-atasyny, dilini, milletini, Watanyny saýlap-seçip alyp
bilmeýär. Bu zatlaryò ezeli, gudraty güýçli Allanyò emri
bilen bolýar.
Emma ýene-de bir hakykat — ynsan balasynyò öz
göwnüne görä saýlap-seçmäge hukukly zatlary hem
bar.
“Dostluk” bilen “ºahyrlyk” ºu ýokarky hakykatlaryò haýsyna degiºlikä?! Men galamdaº dostum Agageldi
Allanazarow hakynda hyýallara berlenimde, ilki bilen,
näme üçindir, ºu sowal kelläme geldi. Soòam Agageldiniò bütin ömrüni hem döredijiligini göz aýtymyndan
geçirip, “dostluk” bilen “ºahyrlygyò” ezelidigine, hudaýtarapyndygyna gol berdim, bu zatlary adam ogly
öz islegine laýyk saýlap-seçip alyp bilýändigine ynandym.
2.
Onuò maòa: “enebaºgam” diýip ýöreli bäri köp
ýyllar geçdi. Onuò beýle diýdigi: “doganym!” diýdigi.
Muòam sebäbi — biri-birimize düºüºligimizden,
beletligimizden, biri-birimizi küýsäp ýörmegimizden. ªonuò
üçin halk ýazyjymyz Hudaýberdi Diwangulyýew käte
Agageldini gözläp: “Hany, ol hemme zady baºgaò?” ýada “Ol planetasy baºgaò nirede?” diýip, degiºme bilen
498
maòa ýüzlenmegi ýöne ýere däl. Muny eºiden Agageldi: “Ýok, “planetasy” diýseò gaty ýakyn bolýar, indikile meni soranyòda “Galaktikasy baºgaò hany?”
diýsene” diýip, düzediº berip güldürýär.
Dogrudanam, Agageldi bilen ikimiziò biri-birimize
“baºgalygymyz-a” çyn. Ol-a Türkmenistanyò iò günortasy — Tagtabazar etrabynyò Marçak obasynda doglup, önüp-ösen, menem — demirgazyk Türkmenistanyò
gadymy Ürgenç topragynda kemala gelen. Ýöne näme,
biri-birinden örän uzakda doglup, ýaºap, ýakyn bolup
bolýan ekeni. Edil ºonuò ýaly bir obada önüp-ösüp,
okap, soòam biri-birinden örän uzak hem bolup bolýan
ekeni. Durmuºyò täsin, düºündiriº berilmeýän oýunlary-da bi. Agageldi barada aýdylanda bolsa, bizi
ýakynlaºdyran zat — POEZIÝA diýmelidirin. Asyl, bu
gürrüòleri gozgap goýberen hem onuò mundan bäº ýyl
ozal “Türkmenistan” neºirýatynda çap edilen “Söýgi
pursatlary” diýen goºgular kitabydyr.
3.
Ilki onuò goºgular ýygyndysynyò adyna ünsi çekesim
gelýär. “Söýgi pursatlary”. Hawa, Agageldi Allanazarowyò bu hysyrdyly durmuºa, adamlara, tebigata, ýaºaýºa
bolan söýgi pursatlary örän kän. Bu ºahyryò her güni,
aýy, ýyly — söýgi pursady, has takygy, onuò her demi
— söýgi pursady. ªonuò üçin hem Agageldi adamlarda
özüne söýgi pursatlaryny döreden, döredip ýören, mundanbuýana-da döretmäge ukyply ºahyr. Eýsem, mende
Agageldä bolan söýgi pursatlary haçan döräp baºladyka?!
499
Men ol wagtlar “Garagum” (öòki “Sowet edebiýaty”)
urnalynda iºleýärdim. “Agageldi Allanazarow” diýip ºo
ýerde eºitdim. ªol urnalda çap edilýän “Ýedi däne”
diýen powestiò korrekturasyny okap, her sözlemi, abzasy,
bölümi özüne muwapyk many-mazmun dänesinden doly
ol eseriò awtoryna gözüm gidipdi. Ol proza bolsa-da, edil
goºgy ýalydy. “Ýedi dänäni” okap, özümiò goºun gullugyna alynmandygyma, dogrusy, kemsindim. “Gulluk eden
bolsam, menem adam ömrüniò bu döwri barada bir
zatlar ýazardym” diýip, ahmyrlyja pikir edipdim. “Be,
entek meniò bilmeýän ýazyjylarym bar eken-ow?! Bu
ýazyjynyò ýene nähili kitaplary barka?!” diýip oýlanypdym. Garaz, men ony ºo wagt ýaºy babatda özümden
kän uludyr öýdüpdim. Görüp otursam, Agageldi Allanazarow öz deò-duºumyz eken. Men muny “Ýedi dänäniò”
çap edilen urnalynyò nusgalyk ekzemplýary çykyp,
galamhaky goýuljak bolnanda baº redaktorymyz Kerim
Gurbannepesowyò “Atam, ( urnalyò jogapkär sekretary
Ata Söýünow) ºu powestiò awtory Moskwada okaýar,
student oglandyr. Gonoraryny birneme artygrak goýaýgyn, “Ýedi dänäniò” puly oòa ýedi gezek doýar ýaly
bolsun” diýen degiºmeli tabºyrygyndan bilip galdym.
Soòam Kerim aga proza bölüminiò müdiri, ýazyjy Ogultäç
Orazberdiýewa ýüzlenip: “Muòa ýaº ýazyjy diýer ýaly
däl. Kämil. ªu ýigidiò ýene ºunuò ýaly powesti bolsa, özi
gelende ýa-da okaýan ýerine hatjagaz ýazyp, sorap
alyò” diýipdi.
Kerim Gurbannepesow oòa aýratyn üns berensoò, Agageldi Allanazarow diýilýän ýazyjyny meniò göresim geldi.
500
ªondan köp wagt geçmänkä, bir gün, ynha, uzyn
boýly, saryýagyz, syratly bir mylaýym ýigit redaksiýa
geldi. Tanyºdyk, gürleºdik, görsek, ol öz eseri ýaly
ýakymly ekeni, jynymyz alyºdy. ªoda-ºodur, ýoldayzda gabatlaºsak, gadyrly salamlaºyp ugradyk. Edebiýat institutyny gutaryp, Aºgabada gelensoò, ony ykbaly köpleriò, ºol sanda meniòem iºim düºüp durar
ýaly ýerlerde iºletdi: “Türkmenistan” neºirýatynda redaktor, Ýazyjylar birleºiginiò ýanyndaky edebiýaty wagyz
ediº Býurosynyò direktory, Metbugat baradaky komitetiò baºlygynyò orunbasary boldy. Häzirem, ykbalymyz ýalkap, üç ýyl bäri bir ýerde — “Türkmenistan”
neºirýatynda bileje iºleýäris.
4.
Keýpiòi gaçyrýan wakalaryò, gep-gybatlaryò üstünden
degiºme, ýumor, gülki bilen seretmegi baºarýan Agageldi Allanazarow nirede, haýsy iºde iºlese-de, ol özüni giò
göwrümlilikde, mertlikde, zehinlä gadyr goýmakda göwünleri awlaýar. Belki, ºu zatlar üçindir, köpleriò oòa
ýakyn durasy gelýär. Meniò ýaly ynanjaò, sadalaryòa gözlegi Agageldi ýaly hossar bolmagy baºarýan ýigitlerde.
Uruº ýyllarynda goltugynda Göroglynyò kitabyny
göterip, hüjüme okdurulan türkmen, ýa-da Nurmyrat
Saryhanow aýtmyºlaýyn, göz dikip oturan dünýe maly
— guba düýesini berip, Magtymgulynyò kitabyny edinen türkmen hiç haçan aýdym-sazsyz, goºgy-gazalsyz
oòmandyr. Bü-ýä bir. Ikinjiden, ýüpek bilen sary ýagyò
501
bozulmaýºy ýaly, hakyky goºgy mydama ünsi özüne
çekip gelipdir. Üçünjiden, halkymyzyò ºahyrana halkdygy
folklorymyzdyr klassyk edebiýatymyzdan görnüp dur.
Dördünjiden, türkmen edebiýatynda ºahyr azlyk edenok, ýöne ºahyr bar, ºahyr bar. Olaryò hakdan içenleri
baradaky söhbet bolupdy, bolaram. ªu zatlar üçin,
Agageldi Allanazarowyò ULULAR ÜÇIN ÝAZAN
GOªGULARY HAKYNDA sähetli günleriò birinde
köpden bäri içimi dökesim gelip ýördi. ªu gün, ynha,
men ºu ºahyr dostum barada, gürlemegi ýüregime
düwdüm.
Ýaòy ýokarda “Ulular üçin ýazan goºgulary hakynda” diýen sözleri uly harplar bilen ýönelige ýazmadym.
Sebäbi zehin rysgalyny eçilibilipdir. Diýjek bolýan zadym
— Agageldi Allanazarow edebiýatymyzyò proza, çagalar edebiýaty, kinodramaturgiýa “frontlarynda” biriçe “söweºip”, özüni ykrar etdiren edebiýatçy! Men
bolsa, ony häzirki zaman poeziýasynyò pälwanlarynyò
biri hasaplaýaryn.
5.
Edebi urnal 1977-nji ýylyò 1-nji sanynda 12 sowaldan ýörite anketa bilen ºo döwürdäki ýaº ýazyjylaryò 22-sine ýüzlenipdi.
“Tankydyò öz döredijiligiò baradaky pikirlerine nähili
garaýaò? Öwgi öz döredijiligiòde gowy täsir edýändir
diýip hasap edýärmiò ýa-da tankyt?” diýlip berlen ºol
anketanyò 6-njy sowalyna Agageldi Allanazarow ºeýle
502
jogap beripdi: “Obýektiw tankyda sarpa goýýaryn.
Men gije-gündiz çiºirilip ýörlen, “alar-alar” bilen bir
zat ediljek bolunýan, töweregi bir süri “agaly” ýaº
ºahyr däl. ªol sebäpli hem men öwgi barada hiç zat
aýdyp biljek däl.”
Agageldi bu jogabyny juda dogry ýazypdy. Edebi
ýoluò baºynda, ol öwülmändi, anketa beren jogabynda
aýdyºy ýaly, öwginiò nämedigini bilenokdy, ºonuò üçinem,
ýokarky berlen sowala ºeýle jogap ýazypdy. Ol edebiýata “öz göbegini özi kesýän ýetim” bolup gelipdi,
“ýetim” bolup edebiýatda özüni ykrar etdirmeli bolupdy. Ýetimligiò bolsa, ýaºaýºyò haýsy ýerinde bolsa-da,
ýüzüne köz degsin! Sebäbi ýetimlik seni mydama hoº
söze, goldawa mätäç edýär. Mätäç mahalyò hem kim
saòa sähelçe ýagºylyk eden bolsa, ºahyr aýtmyºlaýyn
“seniò üçin ºondan eziz Adam ýer ýüzünde ýok”. Ol
adam eden ýagºylygy bilen hakydaòda hemiºelik galýar.
Agageldi Allanazarowa-da köp kiºiden ýagºylyk
görmek nesip edýär. ªonuò üçinem, ol ýagºylygyò
nämedigini kiºiden soranok. Özüne sähelçe ýagºylyk
edenleri diliniò senasy edip ýör.
Hawa, ol ýagºylygy-da, ýamanlygy-da ýadyndan
çykaryp bilenok. Ýöne ýagºylyk edenleri ýygy-ýygy
ýatlamagy halaýar.
ªu ýerde “Eýsem, Agageldiniò özi adamlara nähili
ýagºylyk etdikä?!” diýen kanuny bir soragyò ýüze
çykmagy mümkin. Men onuò adamlara eden hyzmatlary barada ýeke-ýeke agzap durmaýyn, beýtsem minnet bolar, onsoòam Agageldiniò özem halamaz. Ýöne
503
bir zat anyk: Agageldi ýagºylygy depeläp, onuò üstünden
ätläp bilenok. Diýmek, ol ýagºylyk etmäge ukyply hem
mydama höwesek. Men ºonuò üçinem, onuò ºu häsiýetini ºu ýazgylaryma SÖZBAªY edindim.
Meniò “enebaºgamdan” ýagºylyk görenler barmak
büküp hasaplardan köp. Olaryò ýeri gelende, bir gün
özleriniò dil açjakdygyna ynanýaryn.
Esasy gürrüòden — Agageldiniò poeziýasy baradaky
söhbetden daºlaºýanymy bilsem-de, onuò ýene bir bolºy
barada aýdasym gelip dur. Ol hem degiºme bilen
hakykaty aýtmak häsiýeti.
Käte ol maòa burnuna salybrak, ýuwaºjadan, bir
gözüni gypyp goýberýär. Menem ºonda oòa
düºünmeýändigimi duýdurýaryn. Onsoò ol kimdir biriniò hereketine çalaja öýkünýär welin, men biygtyýar
gülüp baºlaýaryn. Sebäbi kim hakda gürrüò barýandygy
aýyl-saýyl bolýar-da, ºol adam göz öòüòe gelýär. Men
ºonda oòa: “Eger sen ýazyjy-ºahyr bolmadyk bolsaò,
hökman artist bolardyò” diýýän. Ol bolsa: “Elbetde!
Dogry! Artist-ä däl welin, ýöne artistler, ºükür, ýazan
gahrymanlarymyz bolup oýnaýarlar-a. Näme, ýalanmy?” diýýär. Hawa, tas ýatdan çykan ekeni, hakykatdanam, onuò eserleri esasynda “Hoº gal, meniò Parfiýam!”
hem-de “Meniò ýaºlygymyò dessany” atly iki sany
reòkli çeper film döredildi ahyryn!
Men ýene onuò döredijiligi barada oýlanýaryn. ªu
wagta çenli ululy-kiçili 25 sany kitaby dürli dillerde
çap edildi. ªonuò hem “ªol bir gezek uçan it” atly
Ýaponiýada çykmaly kitabynyò öòüne bütin dünýä
504
meºhur ýazyjy Çingiz Aýtmatow sözbaºy ýazdy. ªu
hakydama gelip, oòa: “Çingiz Aýtmatowyò ünsüni çekip
ýören bolsaò, biziò saòa gözümiz öwreniºipdir. Tüweleme,
ýazan kitaplaryò bir är ömrüne ýeterlik!” diýip, degiºjek
bolýaryn.
Ol öwlende käbiriniò bolºy ýaly gaýºarylmaýar-da,
tersine, sesini çykarman, bir elini ýüzüne tutup, ýylgyrýar-da, “baº egip” durýar...
6.
Geliò, indi bu täsin ºahyryò täsin poeziýasynyò
täsirleriniò teswirini synlalyò:
Her bir çyn ºahyr beýleki bir ºahyrdan tapawutlanyp bilýändigi üçin, baºga ºahyrlara meòzeº däldigi
üçin gymmatlydyr. Agageldiniò goºgularyny gymmatly
görkezýän tapawutlar kän.
Agageldi Allanazarowyò köp zada, tas hemme zada
degiºli bolup duran goºgulary bar. Bu eýýäm — “Söýgi
pursatlarynyò” bölümleriniò atlaryndan hem görnüp
dur: “Göroglynyò mekanynda” atly bölüm — ºahyryò
dogduk ýurdy Türkmenistan, esasan, gadymy hem müdimi
gözel Pendi illeri barada bolsa, “Söýgi pursatlary”,
“Ýazgy depderimiò sahypalary” diýen bölümler —
durmuº, älem-jahan, Adam hem onuò borjy, söýgi
gatnaºyklary hakyndadyr. “Gara deòziò tolkunlary”
bilen “Garly Moskwa” bolsa, ºahyryò aýak basan ýerlerinde baºdan geçiren täsin duýgularynyò ºahyrana
beýanydyr.
505
Agageldi nirede, näme hakda ýazsa-da, ol hökman
TÜRKMEN ªAHYRY bolup ýazýar. Dogrusyny aýdan
ýagºy, Türkmenistanda ýaºap, türkmen bolup, türkmençe goºgy ýazyp, türkmen ºahyry bolup bilmän
ýören goºguçylarymyz bar.
Emma Agageldä Türkmenistanda bolup ýa baºga
ýerde, tapawudy ýok, oòa türkmen ºahyry diýip arkaýyn,
çekinmän aýtsa bolar. Onuò türkmen tebigatyna, türkmen milletine, türkmeniò geçmiºine, ºu gününe, geljegine bolan egsilmez buýsançdan, guwançdan, ynamdan yòdarylyp gaýdan setirleri — türkmen adamlarynyò ýürek syrlarynyò açarydyr. Öòden aýdyºymyz
ýaly, Watan, il-ýurt temasyndan döreden goºgularyna
ºahyr “Göroglynyò mekanynda” diýen at goýupdyr.
Bütin türki halklarynyò hemmesiniò milli hem ruhy
guwanjy Göroglynyò mekany diýip, ºahyr Türkmenistana düºünýär, ynanýar. Bu onuò öz ýurduna bolan
uly söýgüsinden nyºan. Agageldiniò ºeýle söýgüsi bolansoò,
ol “ol türkmen topragynyò ýakymly ºemalyny zenan
demine” deòese, ondaky “ak bedewi iliniò arzuwyna
meòzedýär”, “oturyp-oturyp, atalaryò ýurdy giòden
tutanyna begenýär”. “Gelºigine gelen asuda türkmen
çölüniò ürgün çägesiniò zerrelerini altyn tozgasyna
kybapdaº hasaplaýar”, “ol çöldäki otlap ýören Gyraty
görensoò”, “Göroglynyò hem ºu golaýda bolmalydygyny” buºlaýar.
Käbir ºahyrlar ýaly, Agageldi Allanazarow söz bilen,
setir bilen “oýun” etmeýär. Göwnüne gelºi ýaly, kalbyna goýluºy ýaly kagyza geçirýär. Ýa-da “Meniò Andy
506
akgam” goºgusynyò setirleri bilen aýtsak: “...Görenje
zatlaryny ösdürmän, kemmän gürrüò berýär...” Asyl,
onuò özüniò durmuºda bolºy hem ýylma däl. “Näden
nä bolarka?” diýip ýörenok. Onda bir üýtgeºik mähir,
ýylylyk, mylaýymlyk bar. Muny onuò “Pendi baýyrlary” diýen setir bilen baºlanýan goºgusy hasam aýdyò
görkezýär. Bu goºgy, meniò pikirimçe, kiçijik ºahyrana
çarçuwa salnan Agageldiniò syraty ýaly.
Käbir ºahyr “Men türkmen!”, “Men Türkmenistany
söýýän!” diýip näçe ýazsa-da, oòa ynanyp bolanok,
onuò sebäbi, ºol aýdylan sözüò sowuklygy, ýakymsyzlygy, adressizdigi.
Kerim Gurbannepesowyò ºygyrlaryna beletler onuò
ýaºlygynyò ilki Gökdepe etrabynda, soò Tejen sebitlerinde geçendigini ýa-da Berdinazar Hudaýnazarowyò
goºgularynyò muºdaklary onuò Ýerbentde doglandygyny bilerler. Agageldi Allanazarow hem edil ºu ºahyrlar ýaly poeziýa konkretlige gadyr goýýan, durmuºy
ºahyr.
Agageldiniò “...mahal-mahal, diýseò ýüregi küýsäp,
öz Pendisine guº bolup uçup gelýändigini” goºgulary
görkezip dur, onuò mydama ºeýdip gelip durandygyna
ynanýarsyò. Sebäbi — ol ýerde onuò güneýde “gara
öýe söýenip, gyzlaryna, saglyk, döwletlilik, abraý diläp
oturan enesi otyr...” ªahyr ºu ýere gelse — “ýene-de öz
ornuna gelýär, ýene-de ol “uçsam diýip, çapyp ýören
Ägeldi” bolýar. Hany, ºu sözlere ynanmabilseò ynanma--da! Geliò, ºol goºgynyò soòky bendini bile okap
göreliò:
507
“...Uçup ýörün ýokarsynda Pendimiò,
Berip höwesime, söýgüme gerim.
Hol aºakda meni uçuran toprak
Hem hemiºe gonmak isleýän ýerim...”
Men Agageldiniò goºgularyny okap, onuò öz
goºgularyna, goºgularynyò bolsa, oòa juda meòzeºdigine
haýran galdym. Ynha, bu çyn ºahyrlykdan nyºan.
Ynha, bu köp goºguça ýetdirmeýän elýetmez ºaha.
Goºgulary Agageldä düºünmäge bir usul bolup görünýär:
“Kakam hakynda goºgy”, “Meniò agalarym — esger
ýigitler”, “Çölüm, seniò giòligiòe guwanýan...”, “Oglankama pökgä meòzeýärdi Gün...”, “Bulutlaryò ýüzi gökdalak ýene...”, “Güýz”, “Ýigdekçekäm bir gelini söýdüm
men...”, “Aý barýar aýagnyò burnuna gözläp...”, “Ýeke
galan günüm böwrümi diòläp...”, “Aºgabadyò alkymynda”, “Tolkunlar”, “Restoran gämi”, “Deòiz gijesi”,
“Ukusyz gije”, “Garly tokaý”, “ªemal” ýaly baºga-da
kän-kän goºgular, Agageldiniò belet zady hakynda özüçe,
üýtgeºik gowy goºgular ýazýandygynyò güwanamalarydyr.
“Söýgi pursatlarynyò” liriki gahrymany “ýaºlygynyò
ak gämi bolup kenardan daºlaºýandygyny syzsa-da”,
“tasanyp, kinä çolanyp giden gyzyò yzyndan seredip”,
özüne “çoça ýokdur, bu dünýede meniò dek” diýse-de,
“Söýginiò hyzmaty — indi biz goºa” diýip, bu jadyly
duýgynyò gadyryny bilýär, ol göwün beren gyzyny
“otuz iki ýyllap... kalbynyò köçesinden gatnadyp” bilýär. “Atasy Kymyº duzçy ýaly has garrap, hyk-çokly
gojalyga ýetende-de, ºol melegiò daºyndan ýigit bolup
508
aýlanjagyny”, “eòek atyp jahandan ötüp barýarka-da...
ºol gelin göz öòüne gelse, ölmeli güni ölüp bilmejegini”
bilýär. Eger... “soòky ýola ugraýanda-da, ºol gelniò
öòünden çykjagyna” ynanýar, ºeýle boljagyna senem
ynanýarsyò. Megerem, “ideal söýgi” diýilýäni — Agageldiniò wasp eden söýgüsi bolsa gerek! Bu ºahyryò söýgi
hakda ºeýle ajaýyp goºgularynyò bardygyny ºu wagta
çenli bilmän gezendigime, birhili özümden özüm utandym.
Bu goºgudaky pikirler ýuwan söýginiò “ýandym”, “köýdüm”, “biºdim” diýen ýaly suwjuk sözleri däl. Olar —
gunt düºen ýaly agramly, gaty ajyganyòda iýen tagamyò ýaly lezzetli, el bugdaýynyò çöregi ýaly özli,
dünýäò daralanda, iò ýakyn dostuòdan eºidýän sözleriò
ýaly melhemli. Iò esasy hem, asyl Türkmen ýaly agras,
saldamly, türkmeni ºygyrlar!
Göräýmäge hyýrsyzrak “enebaºgamyò” kalbymyò
ºeýle näzik, süýji duýgularynyò mesgenidigine, onuò
“Gara deòziò tolkunlary” diýen bölümdäki goºgularyny
okap, hasam göz ýetirdim. “Gara deòziò tolkunlaryny”
synlap, men öz-özüme ºeýle pyºyrdadym. “Eger elimden gelsedi, her ýyl dynç alasy gelen wagty Agageldini
öz islän deòziniò boýuna iberip, oòa deòiz hakda, söýgi
hakda goºgular toplumyny ýazyp gelmegi sargardym,
haýyº ederdim, tabºyrardym, buýrardym!”
Kitapdaky aýratyn ýakymly täsir galdyrýan goºgularyò
biri hökmünde “Kakam hakynda goºgy” diýen ºygryny
agzasym gelýär. Bu goºgy meni Agageldi bilen gatnaºyk
açyp ýören günlerime äkitdi. Bir gezek ol: “Meniò
traktorçy kakam bar. Arada oba baranymda: “Ynha,
509
ºuny ýazan oglan ºahyr ekeni” diýip, seniò aýallar
urnalynda çykan “Saòa indi baºga näme diýeýin” atly
goºgyny maòa görkezdi. Seni okaýarlar-la, köpräk ýazybermeli” diýip begençli aýtdy. ªonda Agageldiniò
akgöwünligine haýran galsam, kakasyna hoº sözi üçin
gaýybana minnetdar bolupdym. Hawa, Agageldiniò ºu
goºgusyndaky atanyò obrazy — mukaddesligiò, halallygyò obrazy. Atasy hakda goºgy ýazmadyk ºahyr
ýokdur, ýöne atanyò obrazyny ºeýle belent derejä
göteriliºini özüm-ä birinji gezek görýärin. Eger atalar
hakda goºgularyò konkursy geçirilsedi, onda Agageldiniò ºu goºgusy hökman baº baýraga mynasyp bolardy. Çünki öz atasynda Hudaýyò keºbini gören Ogla
“Berekella!” diýmezlik namartlyk bolar.
Bu goºgy ýene bir hakykaty — öz awtorynyò
edebiýatyò we medeniýetiò dünýä derejesinden habarlydygyny aýdýar. Metafora hökmünde Isa pygamberiò
adynyò bu goºguda getirilmegi ýöne ýere däldir, ºeýledigi swilizasiýadan habarly okyjy üçin düºnüklidir.
Goºgyny okap, “iliò gyz-gelnine gyýa bakmaýan,
gerek bolsa, toý palawuny biºirip, gerek bolsa, öwlüýä
gidip, merhum üçin jaý gazyp ýören”, “agras Allanazar
aganyò her oturan-turan ýerinde geplejek bolup ýörmeýändigine”, “käbir enäniò agtygyna Allanazar ýaly
gowy Adam bolmagyny isläp, oòa ºonuò adyny
goýandyklaryna” ynanýarsyò, guwanýarsyò. “Elli alty
ýaºda älemden ötenligine-de” gyýylýarsyò. Sebäbi ol:
“Halal aºym nesip etse bor” diýip,
Haramdan özüni çetde saklardy...”
510
Ähli kakalaryò ºu goºgudaky kaka ýaly bolmagyny
arzuw etdirýän bu goºgynyò wakalary, epizodlary kartina
ýaly göze görünýär. Bu bolsa, ºahyryò azabynyò ýerine
gowºanlygynyò alamaty.
ªeýle goºgulardan Agageldiniò içki ruhy güýjüni,
poeziýasynyò berkligini, durmuº ýörelgesini duýup bolýar.
Agageldi Allanazarowyò goºgulary — hakyky poeziýanyò hakykata eltýän mydamalyk ýoldugyny ýene
bir gezek tekrarlaýar.
Hudaýtarapyn talantyò bolmasa, ylym-bilim bilen
ýazyp bolmajak setirler Agageldiniò “Söýgi pursatlarynda” kän.
“...Ýoguny ýat etmek — barlaryò borjy,
Olar — dutarymda tükeniksiz heò.
Meniò agalarym, äpet ajaly
Köp milletler bilen bölüºdi des-deò.”
ýa-da:
“...Öýde ol geleli köp zat üýtgedi,
Otaglaryò içi hüwdüden doly.
Ederini bilýär akja bäbejik,
Ejesiniò bagºy çykary ýaly.”
ýa-da, “Durmuº” atly bir bentlik goºgynyò göterýän “ýüküne” bir serediò:
“Durmuº — bu-da dört tekerli araba,
Mündi çagalarym her ýandan gelip.
Aýalym ikimiz oòa goºlan at —
Çapyp barýas indi biz ýüzin salyp”.
511
ýa-da:
“...Gözüm gidýär, uçup bilýän zatlara,
ªolaryò seýlinde meniò höwesim.
Aýdym aýdyp, soòam ony kowalap,
Ýetip alaýasym gelýär öz sesim...”.
ýa-da:
“...Ýapraklar güýzümiò kerweni — göçi
Ýapraklar dünýämiò çözlenen saçy...”.
Geliò, indi ºahyryò begenen pursatlarynda saýraýºyna
gulak asalyò:
“...Gapdalymda arzuw edip ýetenim,
Çogup otyr ýakasyndan keteniò...”.
“...Bir gowy ümsümlik,
Diòle-de otur,
Bagty düºündirip bolanok käne”.
“...Ýeke galsam, Aýam aºak düºürip,
Men onuò bilenem gürleºiberýän”.
“...Her gezekde seni ýatlan mahalym,
Köwºüm düºüberýär meniò öòüme”.
“Çarlaklaram tolkun bolaýsa gerek —
Tolkunyòam juda uçmak isläni”.
“...Tolkunlar güwleºip haýat ýykýarlar”.
“...Gyº gar bolup özün dünýä paýlap ýör”.
“Çal saç bulutlaryò obasyn gördüm”.
512
Hawa, Agageldiniò goºgularynyò hem ähli gowy
ºygyrlarda bolºy ýaly, içki hem daºky gözellikleri ýeterlik.
Olary duýmak, görmek üçin sende hossaryò hyrydar
nazary bolmaly. Kalbyòy keºdeleýän ol goºgularyò her
biri aýratyn gürrüò edeniòe degýär.
Türkmeniò ýüregi
Her ýeten ol syry
Türkmeniò taryhy
Bir girseò, içinden
— älemiò syry,
tiribem bilmez.
— dünýäò taryhy,
çykasyò gelmez. —
diýýän Agageldi Allanazarowyò goºgulary Türkmenistana hem, onuò adamlarynyò kalbyna syýahata
aýlaýar, çagyrýar. Olaryò köpüsi: “Wah, ºu goºgyny
näme üçin men ýazmadymkam” diýdirýär.
Zehiniò oýny köp. ªonuò birisi her ºahyryò özüçe
täze söz düzümlerini döretmegidir. Bu meselede hem
Agageldiniò poeziýasy onuò ýüzüni gyzartmaz. Çünki
ol öò eºidilmedik däl sözleri gulaga ýakymly eºitdirmegi
baºarýar.
“Seni görsem, göwün örim giòeýär...”
“Syçradýar ýüzüòe ºorawja damja...”
“Deòziò öwresi birden çolardy...”
“Garaòkysyn boýlap tereò gijäniò...”
“Aýlanºyp ýör, apaºaklap çarlaklar...”
“Bir seretsem, menem köwsarlap ýörün...”
513
Poeziýa muºdaklarynyò mysal alnan setirlerindäki
söz düzümlerine üns bermegini isleýärin. Bular täsin
ºahyrana gönençlerdir. “Göwün örim”, “ºorawja damja”, “deòziò öwresi”, “garaòkyny boýlamak”, “tereò
gije”, “apaºaklaýan çarlaklar”, “köwsarlap ýörmek” ºygyr
setirlerinde nähili täze, neneòsi üýtgeºik, niçiksi ter
ýaòlanýar. Esasy zat bolsa, bu gönençler — täze ºahyrana tapyndylar Agageldiniò hut özüniòki, bulary baºga
bir ºahyryòkydan tapmarsyò. Her ºahyr ºygyr ºalygyna
ºeýle aralaºsady, poeziýamyz, gör, nä derejede baýlaºardy.
Ýene-de bir zat: “Söýgi pursatlarynda” wagtlaýyn
goºgy hasaplanýan sene goºgusy ýok. Ählisi hem mydama okaljak, ömrüò ähli paslyna degiºli. ªonuò üçinem
Agageldiniò kalbyna “köwsarlan” pikirler oòa “içini
dökdüripdir”. Göýä ol goºgularyny gaty köp ýerde özi
üçin ýazan ýaly. Bu ºeýle-de bolmaly. Adam ogly
özüne, heý-de, erbet zady rowa görermi, özüne ýaran
ile-de ýaraýar-a.
Ýene-de bir zat: ºahyr Agageldi Allanazarow bu
kitaby maòa mundan bäº ýyl öò — 1992-nji ýylyò 4nji noýabrynda ak arzuwlaryna ataryp beripdi. “Söýgi
pursatlarynyò” meniò bosagamdan ätlänine bäº ýyl
geçipdir, men bolsa, hakykatdanam, biagyrylykdan oòa
wagtynda üns bermändirin. Goý, ol meni bagyºlasyn!
Gapymyzda gögeren gülüò, ýabymyzdan akan suwuò,
gyssanaòda tasap gelen söwer dostuò... we ýene ºoòa
meòzeºleriò gadyry ahyry bilinýär. Goý, bu ýazgylar
— ªahyr bilen ªygra goýlan gadyrdan nyºan bolsun!
GURBANÝAZ DAªGYNOW,
ªahyr.
514
ZEHIN, HORMAT, MERTEBE
Agageldi daº görnüºinden, okaýºyndan görer göze
deò-duºlaryndan tapawutlanyp barmaýan ýaly. Ýöne
siòe syn etseò, ol tutanýerlidi, erjeldi, aºa zähmetsöýerdi. Özünden talabedijiligi güýçlüdi. Men onuò bilen
Marynyò H. Derýaýewiò adyny göterýän mugallymçylyk mekdebinde okaýarkam tanyºdym. Biz woleýbol
oýnaýardyk, sport ýaryºlaryna gatnaºýardyk. ªonda onuò
berk bedenli, oòat türgendigini bildim. Ýöne onuò döredijilik bilen meºgullanýandygyny bilemokdym. Soò-soòlar
onuò özi ýaly döredijilik bilen meºgullanýan talyp
oglan-gyzlar bilen gurnaga gatnaºýandygyny, “Maruºahu jahan” gazetiniò redaksiýasynda geçirilýän edebiýat birleºmelerine barýandygyny bilip galdym. Has
soòrak bolsa onuò Tagtabazar etrabynyò Marçak
obasynyò 2-nji mekdebiniò okuwçysydygyna, özüniò
çeper goºgulardyr hekaýalary bilen dürli gazetlerde
yzygiderli çykyº edýän gaýybana dostumyz Agageldi
Allanazarowdygyna magat göz ýetirdik. Agageldi 1968nji ýylda mugallymçylyk mekdebini tamamlap, Mary
ºäherindäki 6-njy mekdepde mugallym bolup iºe baºlaýar.
Soòra iki ýyl goºun gullugynda bolýar. Gullukdan
gelibem Moskwanyò M. Gorkiý adyndaky edebiýat
institutyna okuwa girdi. Yhlasly okady, dünýä edebiýatynyò altyn hazynasyna giren älemiò belli nusgawy
edebiýat wekilleriniò eserlerini okap öwrendi. Olardan
çeper hem çuò many-mazmunly eser döretmegiò syrlaryny özleºdirdi. Agageldi okuw bilen döredijiligini bile
515
alyp bardy. Netijede institutyò ahyrky kursunda okap
ýörkä, onuò çagalar üçin “Çal, tüýdügim” atly ýygyndysy Moskwada, “Günüò öýi” atly kitaby bolsa
Aºgabatda çap bolup çykdy. ªondan soò onuò çagalar
üçin ýazan “Enemiò äýnegi”, “A” ýazýan”, “At gaýraty”,
“Üç murtlak kapitan”, “Ertekiler”, “ªadyýan harplyk”,
“ªol bir gezek uçan it”, “Çölüò deòiz günleri” we
baºga-da ençeme eserleri yzy jaòly kerwen mysaly
uzalyp gitdi. Agageldiniò bu kitaplarynda ýerleºdirilen
goºgularydyr hekaýalary diòe bir sadadan gyzykly,
özüne çekiji bolman, eýsem, özboluºly ýumºaksy ýumora hem ýugrulandyr. “Iner ýüki” powetindäki oba
oglanlarynyò keºbinde bolsa Beýik Watançylyk urºy
döwrüniò kynçylykly günlerinde Watan goragyna giden
kakalarynyò hem uly doganlarynyò ornuna durup,
zähmet çeken merdana oba çagalarynyò keºbini
ynandyryjylyk bilen bermegi baºarandygy bolsa
ýazyjynyò ussatlygydyr.
Agageldi Allanazarow türkmeniò bereketli topragyny, dagyny-düzüni, tereò derýalaryny, ot-çöpüni, halal
zähmeti bilen bolçulyk hem eºret döredýän adamlaryny özüçe görýär. Olary synçy nazaryndan geçirýär.
ªeýdibem, ol biziò görmeýän zatlarymyzy çeperleºdirip,
görgürlik bilen okyjylara gaýtaryp berýär. Munuò özi
baryp ýatan baºarjaòlyk, ussatlyk ahyryn.
Ýazyjynyò eserlerinde gahrymanlar watansöýüjilik,
halallyk, päklik, merdi-merdanalyk ýaly häsiýetler güýçli.
Bu bolsa eseri okan okyjyda ýakymly buýsanç duýgusyny döredýär.
516
Agageldi Allanazar instituty gutaryp gelensoò, Türkmenistanyò Ýazyjylar birleºiginiò çeper edebiýaty
ýaýradyjy edarasynyò baºlygy bolup 13 ýyl iºleýär.
Soòra “Türkmenistan” neºirýatynda baº redaktor, Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò ýanyndaky Neºir
iºleri boýunça komitetiò baºlygynyò orunbasary, “Türkmenistan” neºirýatynyò baºlygy bolup iºleýär. Häzirki
günde bolsa ol Türkmen döwlet neºirýat gullugynyò
neºir ulgamynda zähmet çekýär.
Agageldi ºeýle uly hem-de jogapkärli iºlerde iºlese
hem ol döredijilik bilen meºgullanmaga wagt tapýar.
Ol eli sypynsa ýazýar. Ol seniò bilen gürleºip otyrkada aòynda, oýunda ýazyp otyr. Zehine baý, tutanýerli
ºahyr hem ýazyjy Agageldi Allanazarowyò galamynyò
astyndan körpe nesle, ºeýle-de uly ýaºlara niýetlenilip
ýazylan kitaplarynyò 30-sy okyjylara gowuºdy. Onuò
kitaplarynyò 20-den gowragy bolsa rus, ýapon, serbhorwat, özbek, gyrgyz, pars, ukrain, belarus, litwa, wenger,
bolgar, baºga-da dünýäniò birnäçe halklarynyò dillerine terjime edilip, 5 million sanawda çap edildi.
Munuò özi Agageldi Allanazarowyò söýlüp okalýan
ºahyr hem ýazyjylygyna güwä geçýär. Onuò “Ýedi
däne”, “Çat açan menzil” ýaly powestleri esasynda
doly metra ly çeper film döredildi. “Tilkiniò doglan
güni” atly çagalar üçin sahna eseri bolsa ýurdumyzyò
teatrlarynyò ençemesiniò sahnasynda goýlup, uly üstünlige
eýe boldy. Mundan baºga-da Ysraýyl, Ukraina döwletleriniò sahnasynda goýulmak bilen, daºary ýurtly
tomaºaçylaryò hem söýgüsini gazanmagy baºardy.
517
Agageldi Allanazarowyò maºgalasynyò geò ykbaly
bar. 30-njy ýyllaryò ahyrlarynda Allanazar agany
obadaºlarynyò birnäçesi bilen “Sen baý, sen kulak”
diýip, Gazagystana sürgün etdiler. Ata Watandan alyslara düºüp, Watan zaryny çekýän Allanazar agadyr
ejesi Amangül daýza, ýanýoldaºy Oguljemal ýeòòe
takdyra ten berip, baºa näme gelse döz geldiler. Ahyrsoòy 1948-nji ýylyò baºynda ata Watana, Tagtabazaryò Marçak obasyna gelmek, dogan-garyndaºlaryna
gowuºmak nesip etdi. Bu ºatlykly wakadan alty aý
geçensoò, Allanazar aganyò ogly boldy. Ýaòy-ýakynda
sürgünden gelen agalarynyò oglunyò bolandygyna begenjiniò çägi bolmadyk inileridir dogan-garyndaºlary
“Agamyz gaýdyp geldi” diýip, bolan çaga Agageldi
diýip at goýýarlar. Agageldi iki gyrasy beýik baýyrlar
bilen jäheklenen durnagöz suwly Egriniò (Murgabyò)
boýunda önüp-ösdi. ªapadaòlap deò-duº oglanlar bilen
suwa düºdi. Al-ýaºyl geýnen, gül-gülälege basyrynyp
oturan baýyrlarda owlak-guzy bakdy, at çapdy. Ata
Watanyò güneºine çoýunyp, derman howasyndan dem
alyp, ol ese-boýa galdy. Ol maºgalada bilesigelijiligi,
ýatkeºligi, synçylygy bilen doganlaryndan tapawutlanýardy. Köp okaýardy, ýaºuly adamlaryò gürrüòlerini
ganman diòlärdi. Agageldi mekdebiò baºlangyç synpynda okaýarka goºgy ýazyp baºlady. 5-nji synpda
okaýarka, onuò goºgularydyr hekaýalary gazet- urnallarda çykyp baºlady.
Bu gün Agageldi Allanazarowy dürli milletden bolan
dürli ýaºdaky okyjylar köpçüligi ºahyr hökmünde tanaýar
518
we onuò döredijiligine çäksiz sarpa goýýar. Bütin dünýä
belli Gyrgyzystanyò halk ýazyjysy Ç. Aýtmatow, rus
ºahyry, professor Lew Oºanin, ºahyr hem tankytçy W.
Korkin, terjimeçi ºahyr M. Orlow, türkmen ýazyjyºahyrlaryndan B. Seýtäkow, K. Gurbannepesow,
N. Rejebow, H. Kulyýew, G. Daºgynow we baºgalar
Agageldi Allanazarowyò edebi mirasyna ýokary baha
berýärler. Ýazyjy hem tankytçy, Magtymguly adyndaky
halkara baýragynyò eýesi Saýlaw Myradow Agageldiniò döredijiligi barada söz açyp ºeýle ýazýar:
“Türkmenistany menem gowy bilýärin. Ýöne Agageldi
Allanazarowyò eserini okamsoò, ony özüm üçin täzeden
açdym”.
Çagalaryò söýgüli ºahyry Agageldi Allanazarow 60
ýaºady. Ýöne ol entekler garrylygy duýar ýaly däl.
Häzir onuò zehininiò, gujur-gaýratynyò egsilmez derejä
ýeten wagty. Hormatly Prezidentimiz Beýik Galkynyºlar
eýýamynda edebiýatymyzy, sungatymyzy ösdürmäge
giò mümkinçilikler açdy. Bizem öz gezegimizde Agageldi Allanazarowyò janynyò sag, ruhunyò belent bolmagyny arzuw edýäris. Onuò ajaýyp zamanamyza
döwrebap eserler ýazyp, beýik iºleri bitirýän
döwürdeºlerimiziò keºbini döremekligini arzuw edýäris.
HEZRETGULY ÖWLÜÝÄGULYÝEW.
20-nji sentýabr - 2008 ý., “Maru-ªahu Jahan”.
DÖRT PURSAT
Otuza golaý türkmen we rus dilinde millionlap tira
bilen neºir edilen “ªadyýan harplyk”, “Ýedi däne”,
519
“Iner ýüki”, “Kalbyma hem alyslara syýahat”, “Çat
açan menzil”, “Düwlen”, “Sürgünler”, “Ýoldan gelen
hat”, “A” ýazýan”, “Söýgi pursatlary”, “Çölüò deòiz
günleri”, “ªol bir gezek uçan it”, “Bir bar eken...”, ýaly
proza hem poetiki eserleriniò ýazylmagy, “Hoº, meniò
Parfiýam!”, “Meniò ýaºlygymyò dessany” atly iki sany
doly metra ly çeper filmleriò Agageldi Allanazarowyò
eserleri boýunça surata düºürilmegi, “Süýji gawun waharman” atly spektaklynyò Daºoguzuò sazly-drama teatrynda tomaºaçylara ýetirilmegi bu awtoryò näderejede iºleýändiginden habar berýär. Onuò “Goja” atly
çuò filosofiýa ýugrulan çaklaòja hekaýasy dünýäniò
on iki diline terjime edildi. Ol 1995-nji ýylyò fewral
aýyndan bäri neºirýat ulgamynda iºleýär. Diòe türkmeniò beýik söz ussatlarynyò däl, eýsem, dünýä meºhur
edebi ºahsyýet ýazyjy Çingiz Aýtmatowyò ünsüni çekip,
onuò ýokary bahasyna mynasyp bolan ýazyjymyz
Agageldi Allanazarow häzirki Beýik Galkynyºlar hem
täze özgertmeler zamanamyzyò edebiýatynyò “ýüòi
ýeten” görnükli wekilleriniò biri.
Okyjylara gyzykly bolar umydy bilen geçen ýowuz
urºuò yz ýanlary dünýä inen Agageldi Allanazarowyò
ömür pursatlarynyò birnäçesini ýatlasymyz gelýär.
Birinji waka: 1965-nji ýylda Agageldi peduçiliººede
okaýarka, Ýazyjylar soýuzynyò Mary welaýaty boýunça
ºol wagtky edebi konsultant, ºahyr Akmyrat Çaryguly
— Erkiniò ýolbaºçylygynda, welaýat gazetiniò redaksiýasynda “Ýaº ýazyjynyò güni” diýen at bilen ýaº
döredijileriò edebi ýygnanyºygy geçirilýär. Agageldi
520
ºonda “Ikilemeler” ady bilen täze ýazan goºgusyny
okaýar. Ol goºgusyny okap bolandan, zaldan biri seslenip,
oòa ýaòky okan setirini ýene bir gezek okamagyny
soraýar. Agageldi ýene okaýar, ºonda ol adam ýerinden
turup ºu sözleri aýdýar: “ªu oglanyò ýaòky okan
goºgusy özüniòki däl. Ynha, meniò elimde Sakarçägäniò
“Hakykat” atly raýon gazeti. ªunda-da “Atageldi
Amannazarow” diýýärler. Bu “habara” oturanlaram,
Agageldiniò özem birhili bolýar. ªonda ºahyr Tagan
Söhbedow ýerinden dikelip, Agageldiniò “Hakykat”
raýon gazetini bir ýerden tapyp alyp, ondaky çap
edilen goºgyny hem ýat tutup, ºu ýere gelip okamajakdygyna güwä geçip, çykyº edýär. Emma ok ýaly söz
eýýäm “atylypdy”. Agageldi aljyramaýar, ol bu ýerde
bir bulaºyklygyò bardygyny aòyp, adamlara ýüzlenýär:
— Ýoldaºlar, ynansaòyz, goºgyny özüm ýazdym, ol
meniòki. Ýöne öòräk Çary Ýalkan diýilýän ºahyr gelip,
uçiliººämiziò döredijilik bilen iº salyºýan okuwçylarynyò
käbirleriniò ýazanlaryny ºol “Hakykat” gazetinde çykardaýyn” diýip, alyp gidipdi. ªonda menem ýaòyja ºu
ýerde okan “Ikilemelerimi” beripdim. Eger “Ikilemeleriò” awtory “Atageldi Amannazarow” bolsa, siz pugta üns beriò, ºol — ºol men bolmaly. Bu ýerde harp
ýalòyºlygy bar. Redaksiýanyò iºgärleri meniò poçerkime
kän düºünmedik bolarly, meniò “Agageldi” adymy —
“Atageldi”, “Allanazarow” familiýamy hem “Amannazarow” diýip ýazypdyrlar.
Muny soò barlap görseler, bu dogrudanam, Agageldiniò aýdyºy ýaly bolup çykdy.
521
Ikinji waka: Agageldi Pribaltikada desantçylar
polkunda gulluk edýär. Bir gezek “Dwina” ady bilen
geçirilen harby türgenleºik okuwynda, lýotçik ýalòyºyp,
dokuz sany paraºýutçyny goòºy döwletiò territoriýasyna bökdürýär. ªol dokuz esgeriò biri hem Agageldidi.
Olar ýere düºenlerinden del ýurtdadygyny bilýärler.
Ýöne eýýäm giçdi, onýança-da “ýaraglaryny tabºyryp,
ele düºmekleri talap edilip”, buýruk berilýär. ªonda
Agageldiniò bir ýoldaºy: “Rus hiç haçan boýun egmez!”
diýen bolup, buýruk berlen tarapa ok atarman bolýar.
ªo pursat Agageldiniò aòy çalt iºläp, beýle etmegiò
örän howpludygyny aòyp ýetiºýär-de, onuò ýaragyny
elinden gaòryp alýar, ok atdyrmaýar. “Komandirligi”
öz eline alýar. ªeýdibem, özüni hem sekiz esgeri nähak
ölümden halas edýär. ªonda onuò dogry hereket edendigini ºol goòºy döwletiò harby komandirleri hem-de
öz komandiri — polkownik Bliznýuk dagy belläp, oòa
minnetdarlyk bildirýärler...
Üçünji waka: Gullukdan dolanan Agageldini çeper
döredijilik ugrundan ýokary bilim almak höwesi öz
erkine goýmaýar. 1971-nji ýylda resminamalaryny hem
eserleriniò sözme-söz terjimelerini Moskwa — Edebiýat
institutyna ýollaýar. Köp wagt geçmänkä bu okuw
mekdebinden çakylyk alýar. ªol döwrüò düzgünine
görä, Edebiýat institutyna okuwa girjek ýaº ýazyjy öz
ýaºaýan respublikasynyò Ýazyjylar soýuzynyò baºlygyndan
hödürnama almaly eken. ªol mahal Türkmenistan Ýazyjylar soýuzynyò baºlygy Berdi Kerbabaýew Aºgabatda
ýok eken. Berdi aga gelýänçä garaºsaò wagt köp gerek
522
boljak. Onsoò Ýazyjylar soýuzynyò ºol wagtky jogapkär sekretary Pawel Karpow töwekgellik edip, Agageldä
dözmän, gol çekip, hödürnama berýär. Agageldem
töwekgellik edip ýola düºýär. Dogrudanam, okuwa kabul
ediº komissiýasy Agageldiniò hödürnamasynda Berdi
aganyò golunyò ýoklugynyò sebäbi bilen gyzyklanýarlar. Agageldiniò pert jogaplaryny diòläp, ýazan eserlerini gözden geçiren komissiýa onuò resminamalaryny
kabul edip, ekzamenlere goýbermegi karar edýär. Ol
ekzamenlerden geçýär, ýöne “içiòi ýakaýyn” diýen
ýaly, onuò toplan baly — gündizki bölüme girmäge iki
ball ýetmeýär. ªeýdip, Agageldini gaýybana bölümine
okuwa kabul edýärler. Emma kalby hyjuwly ýaº ýazyjy
gündizki bölüme okuwa ýerleºmek baradaky göwün
maksadyndan birjik-de dänmeýär. Desantçylar goºunynyò
Baº serkerdebaºysy Margelow diýilýän goºun generalynyò bir sapar Agageldi dagynyò gulluk edýän bölümine
baryp: “Desantçylar meniò ogullarym. Desantçylaryò
ady hemiºe hemme ýerde diòe oòatlykda çyksyn! ªonuò
üçin siz maòa islän wagtyòyz haýyº bilen ýüz tutup
bilersiòiz!” diýendigi onuò gulagynda täzeden ýaòlanýar. “Töwekgel iºini Taòry oòarar”. Dogrudanam, ºol
generalyò desantçy esgeri mydama öz ogly ýaly görýänligi
çynmyka, gel, ºuny barlap göreýin, eger çyn bolsa,
onda ol maòa kömek etmeli, ºol generala gündizki
bölümde okamak üçin ikije ball ýetmeýändigini
düºündireýin” diýip, Agageldi onuò gözlegine çykýar.
Ol sorag-ideg bilen generalyò iº ýerine barýar. Ýöne
oòa generaly görmek miýesser bolmaýar. ªeýle-de bolsa,
523
ony beýleki ýokary çinli harby adamlar diòläp, “Bu
dogumly hem zehinli ýigide kömek etmeli” diýen karara
gelýärler. ªol günüò ertesi, öýlän sagat 3-de oòa institutda garaºmagy tabºyrýarlar. Hakykatdanam, aýdylan wagtda bir maýor instituta gelip, Agageldiniò gündizki bölümde okamagy baradaky islegini rektor bilen
gepleºip, amala aºyrýar. ªeýdip, Agageldi öz ugurtapyjylygy bilen, adamlar bilen gepleºmegi baºarýan ukyby
arkaly öz göwün maksadyna ýetýär.
Dördünji waka: Edebiýat institutynda okuwa baºlan
Agageldiniò okuwa bolan yhlasy derrew göze ilýär.
Tomusky ýuka egin-eºikli Moskwa baran Agageldiniò
salkynda, sowukda, güýz-gyºda geýer ýaly geýim-gejimi
ýok, olary alaýyn diýse-de, puly nireden aljak, stipendiýa çenli entek wagt bar. Ol okuwynyò daºyndan
çemlije iºjagaz gözläp ugraýar. Umumyýaºaýyº jaýynda bile bolýan ýoldaºlary — soòky kursuò studentleri
Saºa Gawrilow bilen Witýa Sglubow dagy bir gün
Agageldini ýanlaryna çagyryp, institutyò naharhanasyna golaýdaky gatnawly ýoluò aòyrsyndaky elektrik
kabelini geçirmelidigini, munuò üçin tranºeý-ganaw gazmalydygyny, onuò üçinem her günüòe adam baºyna bir
gyzyl onlugyò nagt beriljekdigini, eger göwnese, bu iºe
ony hem goºjakdyklaryny aýdýarlar. Agageldi muòa
ikelläp razy bolýar. Sebäbi o döwürde her günüòe on
manat gazanmak, onda-da talyp üçin uly puldy. Bular
iºe baºlaýar, olara ºo-ol gatnawly asfalt ýoly kesip, iki
sagadyò içinde gazyp, kabeli geçirip, ýene öòküsi ýaly
edip goýmak tabºyrylýar. Bu iºi örän çalt gutarmalydy,
524
sebäbi ºol ýoldan her gün günortan SSSR-iò ýolbaºçylarynyò biri öýüne günortanlyga gelýär eken. ªol
gelen çagy ýolda bökdençlik bolmaly däl. ªonuò üçin
iºi çalt gutarmaly. Garaz, Agageldi dagy bar güýçleri
bilen haýdaºyp, iºe giriºýärler. Ýöne her näçe gyssansalar-da, görkezilen müddetde iºi tamamlap bilmeýärler.
Iºiò iò soòky bölekleri galanda, haýbatly “Çaýkalar”
iºläp ýören talyplaryò ýanyna gelip durýar. Birden ºol
aýdylan hökümet ýolbaºçysy öýlerine çenli galan ýoly
pyýada geçmek üçin, ol maºynlaryò birinden çykýar.
Ol Agageldi dagynyò gabadyna gelýär. Birden ony
Agageldi görýär-de, özi duýman, edep ekramy bilen:
“Oh, towariº Suslow! Zdrawstwuýte, Mihail Andreýewiç!”
diýip, çasly seslenip, iº guralyny taºlap, sen--men ýok,
salamlaºmak üçin iki elini uzadýar. Oòa hem bu alçak
ýigit bilen görüºmekden baºga ýol galmaýar. Agageldi
bilen Suslow ºeýdip garaºylmadyk ýagdaýda ýylgyryºyp
görüºýärler. Agageldiniò ºondaky açyk göwünliligi bellenen möhletde doly gutarylmadyk iº üçin jogapkär
adamlary igençden halas edýär...
Belli türkmen ýazyjysy Agageldi Allanazarowyò 60
ýaºy egne alan günleri onuò ýaºlyk ýatlamalarynyò
käbirini “Watanyò” okyjylary bilen tanyºdyraýyn diýdim. Bulardan görnüºine görä, Agageldiniò ömür hem
döredijilik ýoly ýeòil däl.
ªol ýeòil bolmadyk ýoly geçen ýazyjy 60 ýaºaýar
oguºýa.
GURBANÝAZ DAªGYNOW,
ºahyr.
9. XIII — 2008 ý.
525
Ýazyjy
Agageldi Allanazarowa
bagyºlanyp ýazylan ºygyrlar
526
ARÇA
Agageldi Allanazarowa
Parran deºip daglaò ýylçyr gaýasyn,
Arça kökün urdy boý aldy kem-kem.
Kynçylyga döz gelmedik bolsady,
Bu-da hol aºakda otyrdy, belkem.
Otyr häzir bir gaýanyò üstünde,
Belent baºy ygºyldaýar ºemala.
ªaglap inýän çabgalaryò astynda
Arça boýun aldy, geldi kemala.
Gözi gitdi oòa peski arçalaò
Ýumºak ýerde kökün uarnlaò kileò.
Belentde bolmagy edýärler höwes,
Baºa bararmyka arzuwy olaò?
Olar daºy ýaryp çykmadan gorkup,
Dagyò eteginde tutdular orun.
Indem gaýadaky arçaò ornuna
Bu gün dalaº edýär aºakda, görüò!
527
Belentdäki arça bolsa bularyò
Üstaºyry alyslara bakyp dur.
Beýikdäki bilýär beýgiò gadyryn,
Güneº ilki nurun ºoòa döküp dur...
1983 ý.
ÝAZJUMA AGAGELDIÝEW.
“Pisse agajy”.
Aºgabat “Magaryf”, 1985 ý.
528
ÇÖLÜÒ DEÒIZ GÜNLERI
Dostum Agageldi Allanazarowa
Salam saòa boz jerenleò, gulanlaò,
Äpet-äpet kepjebaºlaò mekany!
Gitmez sende ýeke gezek bolanlaò
Gulagyndan käkilikleò mukamy.
Seniò çägiò asman ýaly alysda,
Alysda ol gözýetimden, dürbüden.
Boýlap bilmän,
göreç ýaly arassa
Asmanyòda ýitip gidýär bürgüdem.
Gök otluga siòip gitdi ýodalaò,
Ýollaòam inçelip döndi sapaga.
Baýyrlaòda köräp-köräp ot alan
Çigildemleò meòzäp ýatyr ºapaga.
Diýdiler: “Ot bilden, ýokdur ýol indi,
Iò gowsy, düºläò-de, ºu ýerde galyò!
Mundan aòryk gitmek mümkin däl indi,
Bolmasa gaýygyò,
bolmasa salyò.”
ATAJAN ANNABERDIÝEW.
Aºgabat “Türkmenistan”, 1996 ý.
“Deòiz derejesi — serhet”.
529
AGAGELDI ALLANAZAROWYÒ
“KALBYMA HEM ALYSLARA SYÝAHAT”
KITABYNY OKAP...
Agageldi, sen bu goºga mätäç däl,
Goºgym mätäç, özi ýanyòa bardy.
Ol neneò barmasyn,
Deò-duºlardaky
Ýok zatlaryò
Sende bardygny gördi.
Aýlanýarkak gazygymyzyò daºynda,
Bolup ýörkäk bähbitjikleriò «guly»,
Türkmen taryhynyò tarp ýerlerini,
Görüp, özleºdirip ekýärsiò güli.
Ýogsam, güzeranyò ilden artyk däl,
Bilýän, ilden artyk alaòok puly.
ªonda-da türkmeniò topragy üçin,
Kitabyòda gurupsyò sen heýkeli...
Mysalmy?
Gaýgysyz Atabaý üçin
Guwanjyòy görüp haýran galdym men.
(Beýikleri bilip, söýüp bilýäniò
Beýik bolýandygny indi aòdym men).
Biziò taryh uklap ýatan bir deòiz,
Sen onuò goýnunda müòzäp barýarsyò!
530
...Gaýgysyzyò gürrüòlerni bereòde,
Göýä özüò ºoòa meòzäp barýarsyò!
Menem öz ilini söýeniò biri,
Söýgi setirini sazlapdym ençe.
Ýöne, Agageldi, boýun alýaryn,
Herkes söýüp bilmez türkmeni Sençe...
GURBANÝAZ DAªGYNOW,
ºahyr. 1980 ý.
531
AGAGELDI ALLANAZAROWYÒ
60 ÝAªY MYNASYBETLI GUTLAG GOªGUSY
Garagum oò üçin ekzotika däl,
Doglan ýeri sähralydyr, güllüdir.
Ony dünýä beren Marçak obasy
Obalar içinde ile bellidir.
Durmuºda ornuòy tapaýmak kyn zat,
Durman munuò üçin janyny gynap,
Edebiýat meýdanyn asmandan synlap,
Paraºýutly bökäýiºi geòmidir?
Çagalary güýmäp, çalanda tüýdük,
Bizem üºerliºip: “Kim-aý bi?” diýdik,
ªondan bärem onuò owazyn söýdük,
Saýraýºy üýtgeºik ºirin tillidir.
Hiç bir zatda gidirmez öz hakyny,
Eserne at daksaò, tutar “kakyny”,
Arkasyna alyp iner ýüküni,
Äkitjek menzili nirä çenlidir?
Meýlislerde zehinini durlasa,
Jedel gyzyp, bäri-bärde durmasa,
Garzynjyrap,
badyhowa gürlese,
Öýdäýmäò siz ony agzy ýellidir.
532
Kalbyna hem alysa syýahat etsin,
Ýa bütin ömrüne “A” ýazyp geçsin,
Abraýly ýöredip öz saýlan kesbin,
Diýdirsin okana: “Dili ballydyr”.
Belki, dünýä öòem gelendir telim?
Deòiz günlerine-de belet ol çölüò,
Anyk san aýtmakdan ägäräk boluò,
Doglan wagty b. e.-denem öòmüdir.
Altmyºa jort atyp, galman çaòa sen,
Germeçläp gadam ur diòe öòe sen!
Seniò eserleriò bilen deòeseò,
Ençeleò ýazyºy telli-pellidir.
Ahyrynda ýene-de bir diýjegim —
Mydama alawlap dursun ojagyò!
Bu gün myhmanlarna açyp gujagyn,
Toý tutýan — dostumyz AGAGELDIDIR.
KAKABAÝ GURBANMYRADOW,
ºahyr. 2008 ý.
533
ªAHYR HEM ÝAZYJY DOSTUM
AGAGELDI ALLANAZAROWA
Alyò, dostlar, al ºeraply bulgury,
Dünýäò keýp-sapasy jama gelipdir.
Möwç urup lummurdap, Marçakdan Murgap,
Kenaryndan aga-aga gelipdir.
“Iner ýüki” gerdendedir dowama,
“Menziller çat açar”, baºlar gowgada,
Gyrat kiºòäp, salyp dünýä howala,
Görogly soltandan nama gelipdir.
Ataº ýuwdup Kaknus guºuò ýanyºy,
Ýyldyrymly jalalaryò ýagyºy, —
Ýalòyz ýazgydyòdyr ºahyr-ýazyjy,
Dabaraò dag aºyp çawa gelipdir.
Kyssa-ºygyr ýazyp yºkdan-heserden,
Jigerden jan alan dana eserleò,
Bakylyk mülkünde jana gelipdir.
Gara dag deý gaýlap, bulut deý gaýnap,
Jöwher jümle saýlap, göwher söz saýrap,
Hakykatdan ugrap, Haka golaýlap,
Kämillik halata hala gelipdir.
Agageldi, tüweleýle, köwsarla,
Aýak gorda ýansyn, dik baºyò garda.
534
Beg bol!
Agabeg bol!
Beýik diýarda,
ªeraben-tehurdan bada gelipdir.
Bu dünýäde düwün yza düwün çöº,
Äre — hemra,
Pakyrlara göwündeº,
Beýik halypalar, size egindeº,
Ýaº zehinler, size Aga gelipdir.
NOBATGULY REJEBOW,
ºahyr.
535
“A” NÄHILI ÝAZYLÝAR?
“Eýläk bir aýak,
Beýläk bir aýak,
Ortarasynda —
Kiçijik taýak.”
Agageldi ALLANAZAROW.
Öwredeniòe sag bol
“A”-ny niçik ýazmany.
“A”-dan baºlap,
Bar harpy
Bildim,
Aldym ýüz many.
Soò müò many,
Ýene-de
Alaryn million many.
Esasy zat — bilmeli
Ilki “A”-ny ýazmany.
KASYM NURBADOW.
“Öweleme-döweleme.” Goºgular we ertekiler. 165 sah.
Aºgabat “Magaryf”, 1991 ý.
536
AGAGELDI ALLANAZAROWA
Söz ussady, dostum Agageldiniò
Altmyº ýaº toýuny gutlalyò bu gün!
Düýnki boz oglany gözel Pendiniò,
Agalyk toýuny gutlalyò bu gün!
Sekiz ýyllap ýaºap Diýardan daºda,
Tomusda tebsiräp, gagºapdy gyºda.
Türkmen sözün bala öwren durmuºda
Agageldiò toýun gutlalyò bu gün!
Otuz bäº ýyl synlap, bir zady syzdym,
Ýagºylyk eýlemek — dostuma düzgün.
Mydam ýüregi dek howa-da gyzgyn,
Mähriban dostumy gutlalyò bu gün!
Ol hakda söz açyp Aýtmatow Çingiz,
Zordugyny aýtdy unutmaò hergiz.
Dostlar, Agageldä guwanyp tiz-tiz,
Ak arzuwlar bilen gutlalyò bu gün!
Dözmez dostum, gutly bolsun 60-yò,
100 ýaºa çen çekmäweri at baºyn.
Goý, hemiºe Hudaý bolsun ýoldaºyò,
Alla sylan Ogly gutlalyò bu gün!
GURBANÝAZ DAªGYNOW
ªahyr.
9.08.2008 ý.
537
60 ÝAªLY “A” ÝAZÝAN OGLANJYK
(Agageldi Allanazarowa ýubileý degiºmesi)
“Eýläk bir aýak,
Beýläk bir aýak,
Ortarasynda —
Kiçijik taýak.”
Agageldi ALLANAZAROW.
“A” ýazmagy öwrendi
Ol goºgy ýazmak üçin.
Öz halkynyò kimligin
Duýmak hem syzmak üçin.
Ýüzdi edebiýat yºkyn,
Garºylyga bakmady.
Alan terbiýesinden
Çykmady ol, çykmady.
Öz halkynyò kimligin
Bilmek üçin okady —
Ruhuò harplygyndan
Öwrendi her nokady.
Niresinde oturdy,
Niresinde turdy ol —
Ýeke-ýeke elinje
Halkyna ýetirdi ol.
Bu gün her bir eserin
Bilýändirler okanlar —
538
Her harpy, her sözüni
Öz kalbynda dokanlar.
“A” harpy ýazyp bilýän
Çagalygyna garaman,
Agalygyna buýsanyp,
Ýazýar indi roman!
Öz halkynyò ruhy
Onuò ömür tekgesi.
Berekella, akgasy!
Berekella, akgasy!
Berekella, akgasy!
SEÝITMÄMMET HYDYROW
ªahyr.
5.08.2008 ý.
539
AGAGELDI ªAHYR
Ýaòy gadam basdyò kämillik ýaºa,
Toýuò gutly bolsun, Agageldi ºahyr.
Enºalla, ýaºarsyò ýüzdenem aºa,
Toýuò gutly bolsun, Agageldi ºahyr.
Bu döwürleò aýdym-sazy sendedir,
Hyjuwy bedende, pähmi serdedir.
Är ýigide altmyº nedir, ýüz nedir,
Toýuò gutly bolsun, Agageldi ºahyr.
Gahryò gelse, gazapdansyò, ºirdensiò,
Ýylgyraòda mylakatdan, nurdansyò,
Beýik sen, dana sen, sahy sen çensiz,
Toýuò gutly bolsun, Agageldi ºahyr.
Hak ºahyr ýetiºdi gadym Marçakdan,
Eserleò dünýe deý baky durjakdan,
Soratmaýan saòa janym berjek men,
Toýuò gutly bolsun, Agageldi ºahyr.
Belent baºyò garly daglar deý beýik,
Gez sen ak buludy baºyòa geýip,
Dostum, ýaºamak bagt söýlüp, söýüp,
Toýuò gutly bolsun, Agageldi ºahyr.
540
Okan adam duýar “Ojagyò” howrun,
Halkyò ýüreginde bolsun, goý, ornuò,
Ýarasyn, at alsyn, neberäò-kowmuò,
Toýuò gutly bolsun, Agageldi ºahyr.
HEKIM SAPARGULYÝEW,
Redaktor.
541
ÖMRÜMIZIÒ BAHARY
Agageldi Allanazarowa
Altmyº ikiò altyn güýzi ýatdamy?
Gara deòiz, Artek, Aýy daglary...
Oglan kalbymyzy heýjana salan
Krymyò kölgesi, goýry baglary.
Ýadyòdamy, altmyº ikiò güýzi, dost,
Depregiò, surnaýyò irki owazy?
Seri gam-gussasyz oglan-gyzlaryò
Aýdan aýdymlary hem çalan sazy.
Ýadyòdamy, altmyº ikiò güýzi, dost?
ªol ekeni ömrümiziò bahary.
Elli ýaºly dostuò göwni giòeýär
ªo pursady ýada salan mahaly.
Ýadyòdamy düºüºimiz howsala,
Telbe deýin çarpuranda o gomlar.
Mahal-mahal çalyp gidýär zoguny
ªäheri ýatladyp duran gämiler.
Kenarda yzyny küýsäp oturan
Oglanyò keºbini ýatlaýan bu gün.
Ýyllar bizi ýuwaº-ýuwaº garradýar,
Birje haýyºym bar: garrama göwün.
542
Ýadyòdamy, garagumly oglanyò
Moldawan gyzyna syrly bakyºy.
Ýadyòdamy, garagumly oglanyò
Suwda ýüzüp bilmän suwda akyºy.
Hoºlaºyk pursady ýetip gelende,
Duºuºmagy wada beripdik ýene.
Duºuºyp bilmedik soò dostlar bilen,
Geçse-de ençeme-ençeme sene.
Indi diòe ýatlamalar galypdyr,
Gara deòiz, Artek, Aýy daglary...
Hem gussaly, hem gözüòe söweýin,
Iki ºahyr dostuò oglan çaglary.
Ýadyòdamy, altmyº ikiò güýzi, dost?
ªol ekeni ömrümiziò bahary.
Elli ýaºly dostuò göwni giòeýär
ªo pursady ýada salan mahaly.
ALLAÝAR ÇÜRIÝEW,
ªahyr. 12.05.1998 ý.
543
AGAGELDI AKGAMYÒ!
Özem beýik, hilem beýik ekeni,
Iller meniò Agageldi akgamyò!
ªygram beýik, ilem beýik ekeni,
Hiller meniò Agageldi akgamyò!
Gür baglygy baºa geýen howly bar,
Bu howluda Adamlygyò howry bar,
Hudaý beren iner-iner ogly bar,
Janlar meniò Agageldi akgamyò!
Hak sylamyº döwleti bar, görsene!
ªahyr diýen hormaty bar, görsene!
Ýene ýüz toýa gurbaty bar, görsene!
Iller meniò Agageldi akgamyò!
Pähiminiò pähimi bar gözünde,
Akyllynyò ýakymy bar sözünde,
Bize bagtdyr — ºygyr aýtmak toýunda,
Iller meniò Agageldi akgamyò!
Wah, entegem uzak ara daºymyz,
ªogsa, günde birigerdi aºymyz,
Ähli gün, bagtly gün çyn ýoldaºy biz,
ªygyr söýen Agageldi akgamyò!
544
Nowruz-älem ulug toýlar tutupdyr,
Iner ogly myradyna ýetipdir,
Taòrym ýalkap, arkasyna kakypdyr,
Iller meniò Agageldi akgamyò!
GURBAN ALYÝEW,
ªahyr.
545
AGAMYÒ OGLY
Agageldi Allanazarowa
Salam, Ýolöteniò gözel künjünden,
Içim gysýar erbet, agamyò ogly.
Saòa ºu namada oýundan-çyndan
Kän zat diýjek, elbet, agamyò ogly.
Özüò oòa diýäýmeseò “gowja bol”,
Gurban Çölä galsa, aldap sagjak ol,
“Behiºt ýaly ýürek” üçin sagja bol,
Diòe senden medet, agamyò ogly.
Dostum Ýazjumany ýaýdanmak aldy,
Oraz jany bolsa ýadanlygy aldy,
Nobat inimizi “nadanlyk” aldy,
Bar iºi özüò et, agamyò ogly.
Söze dogry baha kesjek zaman bar,
Zehinime güwä geçjek Aman bar,
“Mollanepes” baýragyndan tamam bar,
Täze ýyl bir düzet, agamyò ogly.
Galam saýrar stoluma gondugym,
Sen bilýäò-ä, meniò möwjän gomlugym.
Altmyº ýaºa sowgat bolsun tomlugym,
Hany, eliò uzat, agamyò ogly.
546
Ýürek öz hasylyn görmek isleýär,
Meniò altyn hasaplanym mismi ýa?
Saòa Hak buýrupdyr ºeýle missiýa,
Hyk-çokuòy bes et, agamyò ogly.
Goý, diýsinler “ruhyýetde hörekli”,
Uzak gatnaºaly duzly-çörekli,
Agaò känem däldir çaga ýürekli,
Men gaýdamda ses et, agamyò ogly.
ITALMAZ AKMYRADOW,
ªahyr.
Ýolöten. 1996ý.
547
Pýesa
Iner ýüki
548
INER ÝÜKI
(A. Allanazarowyò “Iner ýüki” powestiniò esasynda,
Sahna laýyklanan, iki bölümli edebi drama)
GATNAªDYLAR
1. Ý a z l y , 13-14 ýaºly ýetginjek.
2. N u r l y , Ýazlynyò agalary.
3. D ö w l e t ,
4. A g a m y r a t .
5. Ý a z l y n y ò k a k a s y .
6. Ý a z l y n y ò e j e s i .
7. A ý s o l t a n , Döwletiò aýaly.
8. J a h a n g ü l , Agamyradyò aýaly.
9. Ý a º u l y , Aýsoltanyò kakasy.
10. Ý u s s y , Ýazlynyò jigisi.
11. D o n l y a g a , Ýazlynyò garyndaºy.
12. D o s m u h a m m e t , obaò arçyny.
13. S u m s a r w a g a , baºlygyò ýarany.
14. M e l e º e ý t a n , baºlygyò ýarany.
15. P o s s u k a ý a l , Mele ºeýtanyò aýaly.
16 P a t m a , obadaº aýal.
17. S a r y g y z , obadaº gyz.
18. D ä l i a ý a l , obadaº aýal.
549
PROLOG
Saz ýaòlanýar. Çarynyò öòünde Ýazly peýda bolýar. Onuò
gulagyna ýaò eºidilýär:
Uruº ýyllary, uruº ýyllary
Ýuwdup ýalmady.
Dulumyzda unumyz, saçagmyzda nanymyz,
Hanymanymyz!
Obalaò, ºäherleò erkeklerini
Algyr arslan ýaly gerçeklerini...
Uruº ýyllary, uruº ýyllary.
Giden gitdi. Giden gaýdyp gelmedi.
Yzy ýüz wagonly uzyn otlular,
Gije-gündiz gidip otyrdy.
Günbatarda uruº atly ýuwdarha
Ählisin birýandan ýuwdup ýatyrdy.
(Ýaò sesi ýaòlananda uruº hereketleriniò bölekleriniò lentasy
ulanylmaly ýa-da bu bölekleri artistler ýetirmeli.)
I BÖLÜM
Saz ýaòlanýar. Yºykda obanyò çeti, tutly meýdan. Ýazly bilen
Nurly ýöräp barýar.
Ý a z l y — ªol gün tomsuò ilkinji günleriniò biridi.
Bu wagta çenli biziò maºgalamyz ýurduò bir ýerlerinde gidip duran urºuò ºatysyndan ýeterlik dadypdy.
Kiçi gelnejem Aýsoltanyò adamsy Döwlet kakamyò
patasyny biz geçen ýyl heniz ejem bendäniò özi aýak
üstünde gezip ýörkä alypdyk.
550
Uly agam Agamyrat giden uçurlary yzly-yzyna
üç-dört hat iberenem bolsa, o-da indi hat ýazmasyny
kesipdi. Diòe iºçi batalýonyndaky kakam mahal-mahal hat ýazyp, bize göwünlik berip durýardy. Agam
Nurly biziò öýden “urºa” diýip çykan dördünji adamdy. Kakam bilen iki agam gideli bäri indi öýüò
keºigini çekýän kethudasy hem ºol bolup galypdy.
Ýaº-da bolsa gelnejelerimiò ikisi-de ony esasy öz
hossarlary, öý eýesi hökmünde oòa maslahat salyp,
onuò pikirini diòlärdiler, gelnejelerimiò bu akyllarynyò
aòyrsynda öz ojaklaryna bolan sylag-hormatyò ýatanlygy belli zat. Indi bolsa ºol, bizi kakamdyr agalarymyò yzyndan hor-homsy etmezlik üçin giç ýatyp, ir
turup, hars urup gezen agam “uruº” diýip gidip barýar.
Obadan çykýança ony meniò bir özüm ugratdym.
Gelnejelerimiò bozulyºyp aglaýyºlaryny göresi gelmedik
borly, ol iki gelnejem, jigilerim, Donly agadyr goòºular
bilen gapymyzyò öòünde hoºlaºdy.
N u r l y — Ýazly, inim, ugradandan ýoldaº bolmaz, senem indi galaý! (Ol Ýazlyny garsa gujaklap,
bagryna basýar.)
Ýazly, gol doly maºgala indi saòa galdy, inim. Jigileriòe, gelnejeleriòe göz-gulak bolup, olary hor-homsy
etmejek bol!
Men sesimi çykarman, “Bor, düºündim” diýen manyda
baº atýaryn.
— Ýene-de bir sargajak zadym... Özüm gaýdyp
gelsem-ä bu iºi saòa ýetirmerin. Ýöne pelek iºidir, bilip
bolmaz... Eger gaýdyp gelmäýen ýagdaýymda, meniò
551
boýnumda duran, bu karzlary sen üzmeli borsuò...
(Nurly biraz dymyp, uludan demini alyp ýuwdundy.)
Men uly gelnejemiò bilezigini, kiçi gelnejemiò siòsilesini,
gyz gupbasyny “kömek fonduna” tabºyrandyryn. Uruºgalmagal gutaransoò, eliò agzyòa ýeten mahaly, sen ºol
zatlary satyn alyp, eýeli eýesine gowºuryp, olary razy
etmeli bolarsyò. Mary bazaryna bar, ol ýerden tapylmajak zat bolmaz, guºuò süýdi diýseòem tapylar!
Ý a z l y — Nurlynyò aýdan köp sözlerini men
ozalam eºidipdim. Ol sözleri kakam bilen uly agam
Agamyrat özlerinden biraz soò urºa giden Döwlet
kakama aýdyp, sargap gidipdiler... Ol bolsa Nurla tabºyryp
gidipdi. Ine, bu gün bolsa ol borç meniò boýnuma
düºdi.
ªol arada baºy tahýaly, aýakýalaòaç, eleºan eºikli
däli aýal peýda bolýar.
Senimi, seni tutaryn men it... Uw-uw — hany... (Ol
aga-ininiò ýol üstünde duranyny görüp, olara alarylyp
seredýär, siòrigini ýygryp, gart-gart kellesini gaºaýar.
Soò siòòin seredip, Nurla ýüzlenýär.)
D ä l i a ý a l — Senem urºamy?
N u r l y (baº atyp). — Hawa, gelneje.
D ä l i a ý a l — Sapaguly akgaòam görermiò?
N u r l y (egnini ýygryp). — Mümkin.
D ä l i a ý a l — Ol ºol dostum diýip, bile surata
düºen ors adamsynyò ýanyndadyr. (Soò ol oýurganyp
has ynamly aýdýar.) Hut ºol ýerdedir. Men olary hol
günem düýºümde gördüm. Ikisi iki ýerden ha-da-ha
bolºup nemes atyºyp ýatyrlar. (Soò ol ýoluna gönügip,
552
ýene birdenem baºyndaky börügi penjeläp, yzyna öwrülýär. Börügi ysgap-ysgap soò, Nurla uzadýar.)
— Me, ºunam al, özüne berersiò. Suratyndaky ýaly
mojap kelleýalaòaç gezip ýörmesin. Men muny gelinkäm,
gaýtarmadan gelenimde özüm tikip getiripdim. Hüm...
(Aýal gözüne bir zat kaklyºan ýaly, hereket edýär) —
Ana, ol nejis it, ýene menden gaçybam barýar-a ol...
(Aýal howlukmaç gözüne görnen zady yzarlap gidýär.)
N u r l y (aýalyò yzyndan hasratly seredip, onuò beren tahýasyny gysymlap durºuna) . — Saparguly
düýekeºiò öldi habary akylyny üýtgedäýdi-dä bu
bendäniò.
Ý a z l y — Hol gün-ä ol bende it bolubam üýrüp
ýördi.
N u r l y (hasratly). — Entegem bu nägehan urºuò
adamlaryò baºyna saljak oýny kändir munuò... (Nurly
soò inisine tarap öwrülýär.)
Ý a z l y — Nurlynyò ýene-de maòa birzatlar aýdasy geldi, ýöne nämüçin dodaklar müòküldeºen-de
bolsalar, Nurlynyò aýdasy gelen zatlaryny geplemediler. Ýogsam, ol häzir ýol üstünde duran aga-ini bolºup,
biz ikimizdik. Ýok, ol maòa aýtmaly zady aýtdy.
Hawa, özi-de adaty aýdylyºyndan biraz baºgaçarak,
nazarlaryny meniò gözlerime garap aýtdy. Ýöne bu
garaýyºlara ºol wagt men düºünip bilmedim. Hut ºonuò
üçin bolsa gerek, ºonuò üçinem agam Nurlynyò ºol
nazary hemiºelik meniò gözümde galdy.
Nurly inisi bilen garsa gujaklaºyp doganlarça hoºlaºýar.
553
N u r l y — Sag-aman boluò. Senem gal, inim.
Ý a z l y — Sag-aman gel, agam!
Nurly hoºlaºyp, aòyrlygyna gidýär. Ýazly delmirip,
alaçsyz onuò yzyndan seredip galýar. Ýazlynyò gulagyna
ýaò eºidilýär.
“Obalar çolardy, öýler çolardy,
Gidenleò ornuna matam-ýas geldi
Gidenleò ornuna gallaçlyk geldi,
Gahatlyk geldi, aç-açlyk geldi.”
Saz ýaòlanýar. Yºyk ýuwaºlyk bilen öçýär. Yºyk ýananda sahnada pagta meýdanynyò gyrasyndan Ýazly howlugyp, gaty-gaty ýöräp gelýär.
Ý a z l y — Sarygyz, gelnejem üçimiz bir ýerde
pagta suw tutýarys. Hut Sarygyzyò diýºi ýaly hem
bolaýdy--da. Aýtsam begener. Onuòam faºistler bilen
öz hasaby bar ahyr. Ýetiºen, gelin bolmak arzuwyndaky gyzyò höwes edýän ýigidini onuò elinden
almakdanam bir uly ýamanlyk bolarmy. Uruº, ol, gör,
nähili ýigitleri oda atdy... Maòa barsam: “Baºlyk, hany
öwsüp otur, düýäde näme gep-gürrüò bar?” diýer.
Hawa, baºlyk ºol suw tutmaga suwçulara ýer paýlanynda maòa: “Sen suw tutýanlara ýolbaºçylyk etmeli
baºlyk” diýip oglansyradyp, gomaldany bäri, ol maòa
köplenç: “Baºlyk” diýip ýüzlenýär. Oba ugrajak wagtym hem ol: “Baºlyk, belki, hoº habar getiräýesiò-dä”
diýipdi. ªonuò diýºi ýaly, ine-de, saòa hoº habar. Ondada, gör, nähili habar. Begener. Gelnejemem, Sarygyzam
begener. Sarygyzyò-a degiºmä salyp: “Baºlyk, hoº ha554
baryòa bir ak gyz, saýla özüò” diýip, hezil edip
joºaýmagam mümkin.
Pagta meýdanynda elleri pilli Sarygyz bilen gelin dur.
S a r y g y z — Gelneje, seret, baºlyk gelýän ýaly-la.
A ý s o l t a n — Haýsy baºlyk?
Sarygyz — Öz baºlygymyz. Seret, seret uçupgonýan ýaly bolup, galgap howlugyp gelºini.
A ý s o l t a n — Oba gidende jigisini göresi gelip, ol
howlugyp gidip-dä. Görendir. Onuò bilen ýakalaºyp
oýnandyr.
S a r y g y z ( siòòin synlap durºuna ). — O-da
mümkin, jigisini görüp begenendir, ýöne onuò alakjan
bolup gelºinden çen tutsaò, onuò ºatlygy ýeke bu-da
bolmaly däl. Ol habar bize-de degiºli bolmaga çemeli.
Gör, onuò biziò ýanymyza howlugyp gelºini!
A ý s o l t a n (özüne). — He-weý, Döwlet jandan
dagyn bir habar düºäýdimikän? Ol bir ýerlerde bar
bolaýmasyn? Öòem hat iberen onuò özem däl ahyryn...
Hi olam bagt iºläp, ºeýdip bir ýerden çykaýsa?.. (Aýsoltan adamsyny ýatlanda aýallarça alynsaçlaryny
aýasy bilen sypap goýberip, börügini düzedýär.)
S a r y g y z — Allajanlarym, näme hoº habar getirýärkä bu baºlyk? Hoº habaryò barmy, aòyrdan aýdaaýda gelibereniòde bolmaýarmy zaluwat?
Ý a z l y (aòyrdan gelýär). — Armaò-da!
S a r y g y z (howlugyp). — Baºlyk, hoº habaryò
bar ýaly-la.
Ý a z l y (begençli). — Bar.
555
Sarygyz
bolmadymy?
— Onda gepiòi ilki ºondan baºlaberseò
Aýsoltan tama bilen onuò ýüzüne seredýär.
Ý a z l y — Buºluk habarym bar. Biziò goºunlarymyz
nemes basybaljylaryny derbi-dagyn edip, olary Watanymyzyò çäginiò ähli ýerlerinden kowup çykarypdyrlar. Ilk-ä Donly babadan eºitdim. Soòra radiodan özümem
eºidäýdim. (Soòra Ýazly ersgin durup, sesini diktoryò
sesine meòzedip, joºgun bilen onuò sözleriniò bir bölegini gaýtalaýar.)
Ý a z l y — ...Türkmen ýigitleri hem dürli frontlarda müòlerçe gahrymançylyklar görkezip, bu beýik ýeòºe
öz mynasyp goºantlaryny goºdular.
S a r y g y z — (begençli gülümsiräp, birazam
gyºaryp gepleýär). Onda indi ýeòiº bilen gaýdyp geljek
gerçekler üçin tahýa tikibermeli-dä, baºlyk?
Ý a z l y (ºatlyk arasy bilen Sarygyzyò özüni biraz
ýaòsylaýanyny hem duýup, nägileräk bolup, sözüni
dowam etdirýär). — Eliòden indi näme gelse ediber.
Gitler hanyò-a yzyna ºakyrdyk dakyldy... Indi basym
ýeòiº esgerleri hem yzlaryna gaýdyp gelerler!
S a r y g y z (mertebeli). — Diliòe guwan, baºlyk!
(Soòra ol sözüne biraz dyngy berip, ýene Ýazla
ýüzlenýär.) Wiý, ýogsa-da, baºlyk, ýaòy biziò öýümiziò
duºundan geçip gelýärkäò gazygymyzda daòylgy duran
del eºeg-ä gören dälsiòiz?
Ý a z l y (ýeòsesini gaºap oýurganyp). — Aý, ýok.
Wiý, ýöne Körje maman-a gördüm, arkasy bir goltuk
buýanly geçip barýan ekeni...
556
S a r y g y z (ýüzüni kölegeledip). — ªu torly keliò
gyzy ikimiziò maòlaýymyza erkek geýimini ýuwmak
ýazylmadyk bolarly. Çöl bol-a, çöl bolmuº. (Ol keýpsiz
sahnadan çykyp ugraýar.)
A ý s o l t a n (oturan ýerinden turup, gözüniò nemini
börügine baglan ýaºmagynyò bir ýany bilen sylyp, Ýazla ýüzlenýär). — Ýazly, al, birki dilim gawun iý!
Ý a z l y — Öz ekenimizdenmi?
Aýsoltan — Ýaòy bir sowujak zat isledim-de,
gidip kölegede duranraklardan iki-üç sanysyny getirdim. Sarygyz ikimiz-ä iýdik birki dilim, ýah ýaljak
ekeni! Ana, saýaò kölegesinde durandyr.
Ý a z l y (gelnejesiniò görkezen tarapyna seredip). — Bolýa, sowujak bolsa...
A ý s o l t a n — Gawun, tüweleme, bu ýyl bitgin
boljak. Isrip etmän, ýygnap bolsa, kak-sök edere-de,
goòºular bilen iýmäge-de ýeterlik. Wah, ºu gawunlardan bir otlyny dolduryp urºadam bir äkitsediò... Otýalnyò içinde ýüregi ýanyp duran ýigitler hezil ederdiler welin! (Gelin sahnadan çykyp ugransoò, ýene
bir zady ýadyna salyp yzyna öwrülýär.) Indiki oba
gideniòde jigileriòe-de äkit ºondan!
Ý a z l y (gelnejesiniò yzyndan haýpygelijilikli seredip). — Agam Döwletiò patasyny alan günümizden
bäri gelnejem tanalmaz ýaly üýtgäpdir. Onuò al öwsen
ýaòaklary çekiliºipdir. Balkyldaýan mylaýym gözler
hem mese-mälim goçalypdy. Nazary öçügsidi. Göwnüme
gelnejem eräp-egsilip tükenip barýanam ýalydy. Mahal-mahal ol gowaçanyò içinde hem ýekeräk galsa,
557
edýän iºini ýadyndan çykaryp, bir nokada serederdi-de,
öweler oturardy. Men onuò Saparguly düýeçiniò aýaly
ýaly bu agyr ýitgini ýüregine sygdyryp bilmän, birden
bir zyýan-zähmet tapynyp, kellesiniò üýtgäp, aýak ýalaòaç,
baº açyk samyrdap, obany aýlanyp ýörmegindenem
gorkýaryn. “Öz beren derdi-belaò dermanyny özüò
bereweri!” diýip, ejemiò ürç edip gaýtalan sözlerini
ýüregim bilen gaýtalap, Taòryny özüme kömege çagyrýardym.
Saz. Ýazlynyò agasy Döwlet bilen gelnejesi Aýsoltanyò
toýy göz öòüne gelýär.
Ý a z l y — Gözýetimden salgym bolup görnen üç
atlyny men bada-bat tanadym. Öòden gelýän çal atly
Dosmuhammet baºlyk bolmaly. Atlylaryò ikinjisi bolup
bilse Mele ºeýtanyò hut özüdir. Onuò bilen at baºyny
deòläp sürüp gelýän repide ýüz, ala sesli Sumsar wagadyr.
Hemiºe agras Dosmuhammet aganyò kölegesi ýaly
bolup ýanynda gezýän bu iki adamy, nämüçindir, oba
halamaýardy. Olar baºlygyò ugruny tapyp, gerek ýerlerinde ony öz isleýiºleri ýaly pyrlap bilýän ºeýtan
baºarnykly adamlar hasap edilýärdi. Özlerem bular bir-birlerine ýarym sözde düºüniºip duran iki ülpetdiler.
ªeýle-de olar çola ýerde goçulyk satyºyp, ýeòilräk
gelinler bilen ara sazlaýandyklary barada hem agyzdan
agza geçip ýören halanylmaýan gürrüò hem bardy.
Atdan düºen Dosmuhammet baºlyk, Mele ºeýtan,
Sumsar waga dagy töweregiò pagtasyny synlaºyp, ashna gelýärler.
558
Ýazly (pilini gysymlap durºuna). — Salawmaleýkim!
D o s m u h a m m e t — Saglykmy, arma-da, baºlyk!
Hany beýleki iºgärleriò nirede, olar görnenoklar-la?
S u m s a r w a g a (nägile seredip, duýdansyz söze
goºulýar). — Sen näme bu ýerlerde eliòi iºe urman
köwejekläp ýörsüò, baryp ºolara çil çekiºibereniòde
bolmadymy ýa bu gün sähet dälmi?
M e l e º e ý t a n (öòe ätläp, närazy bolup gepleýär). — Baºlyk, muny ýok edip, gelnejesiniò ýanyndan aýyrmak gerek. Ýogsam ºolary iºledip, özi sygyryp
aýlanyp ýören bolmaly munuò!
Ý a z l y (ynjap). — Eý, how, gör, munuò tersine
gaò-ryp, haýyr iºi ºere öwrüp barºyny... Müýnsüz wagtym, özi-de ýetiºiksiz wagtym ser-sepil bolup, hars urup
iºleýän wagtym, bu sözleri eºitmek maòa kyn bolmaly.
Iki sany mähnet itiò arasyna düºen ýaly erbet ýagdaýa
düºdüm. Janym ýandy. Ýatan keseklerden alakgetdin,
Sumsar waganyò ýazzy maòlaýyna beräýesim geldi.
Ýöne häzir arkamy aljak kakamdyr agalarymyò obada
ýokduklaryny ýadyma düºürip çekindim. Olar bolanlygynda dagy beýdip soòuny saýyp, kimdir biriniò
mähnetli gepini menmi çekjek?!
Dosmuhammet pagtalary synlap durºuna Mele
ºeýtandyr Sumsar waganyò helabasyna üns bermän,
Ýazlyny ýanyna çagyrdy.
D o s m u h a m m e t — Baºlyk, hany bärräk gel.
Holha, has suwsan bölejik ýerleri görýäòmi?
Ý a z l y — Görýän.
559
D o s m u h a m m e t — Görseò indi haýal etmän,
ºol ýerlere suw almaly, güýji jemläò, suwy haýal etmän
ºoòa sürüò. Çiginden beýlä ertir öýländen soò hem suw
alsaòyz bolar!
Ý a z l y — Pagtalaryò üstüne ürç edip tüp yssyda
aýlamak Dosmuhammet baºlygyò endigidi. Yssyda suwsan gowaçalaryò reòkini öçürip, “Ynha, ºol men” diýºip
oturýanlaryna indi menem belet.
ªol barmana Dosmuhammet baºlygyò Ýazlynyò çöpçalamyò içinde aýakýalaòaç suw tutp ýörenine ünsi
düºýär.
D o s m u h a m m e t — Bu ýeriniò ýandagy ne bela!
(Ýazla seredip). Seniò aýagyò-a iºini görýändir bi! (Ol
soò oýurganyp). Sen aýagyòa çaryk-saryk bir zat bir
geý! Agºam bar-da ysgylatça aýt, baºlyk bir jübüt
çaryk bersin diýdi — diý. Hyk-çyk edäýdigem göni gel
meniò ýanyma kontura!
Ý a z l y — Bor, baºlyk aga.
D o s m u h a m m e t (Ýazlynyò beýleki iki ýoldaºynam
ýadyna düºürip, oòa tarap öwrülýär). — Baºlyk, sen
ºony üç jübüt çaryk diýsene!
Ý a z l y — Bor. Düºündim.
Dosmuhammet, Mele ºeýtan, Sumsar waga üçüsi
sahnadan aýlanyºyp çykyp gidýär.
Giç öýlänler her gün biziò ýanymyzdan bir eºek ot
äkidýän Donly baba gelip gidenden soò, meniò gazabym
has-da artdy. Göwnüme her hili öýümiziò mertebesi, öý
560
eýesiniò mynasybeti, durmuºyò häzirki pursadyndan öz
ýagdaýym baradaky pikirler gelip, meniò ýas-ýaòy
aýtmazyny aýdyp, ýüregimi bulap giden Mele ºeýtana
bolan gazabym has-da artdy.
Donly aga maòa mekdepden gaýdyp gelýän mugallyma gelnejeme Mele ºeýtanyò oglunyò itini küºgürip
ýardyranyny aýtdy-da, gonjuma gor guýup gitdi. Mele
ºeýtanyò ogluny göz öòüne getirip, “Senjagaz sokudaºyò
depgi sanyny ýetirmesem bolmaz” diýip, gazap donuny
geýip öjügdim...
Her gezek ºeýle ýagdaýa düºenimde bolºy ýaly,
ýene-de Nurlynyò keºbi meniò ýanymda. Onuò ºol
düºnüksiz, pikire batyrýan syrly nazary. Ol nazar her
gezegem meniò maslahatçym (Saz ýaòlanýar. Nurlynyò
keºbi peýda bolýar.)
N u r l y n y ò k e º b i — Saòa-da ýeòil däldir, inim,
düºünýän. Mele ºeýtan dagynyò ugruny tapyp, uruºdan
galansoò, çola ýerde tüýs günem geläýdi-dä...
Ýöne sen özüòiò öýüò eýesi bolup galanyòy unutma. Ýatlap dur. Ol saòa kyn ýagdaýdanam baº alyp
çykmaga kömek eder, gurbat berer, seniò gaýratyòy
artdyrar...
Ý a z l y — Ýene birde Nurlynyò gözleri maòa:
“Hä, senden-ä tamamyz çykmady, inim. Üstüòe sürneniò
dagy minnetini çekerlermi... Donly akga aýt-da saòa
häzir gowºak dursaò, soòra näme boljagyny. Olar saòa
o tarapdan, bu tarapdan gelip, “Degsek ºundan gaýtargy boljakmy, ýok?” diýºip, dürtüp barlap görýändirler.
561
Mele ºeýtan, ºeýtan lakamyny dogry basyp alan däldir
ozalam!” diýip maòa nägile bolup gyjalatly seretdi.
D o n l y a g a n y ò k e º b i — Bu doòuzlar wagtdan peýdalanyp, depä çykdy, oglum. Ite ýardyrandada, bularyò towugyna tok diýjek ýok. Urºuò beýdip
gidip duran mahaly döwletiòem bu wenezzynalara eli
süýºmeýän borly?..
Ý a z l y — Bu sözler iki-üç günüò dowamynda
meniò beýnimde gaýnady. Her zatlar göwnüme gelýär.
Mele ºeýtanyò ondan bir gelip, mundan bir gelip bize
deginmesi, onuò göwnüne düwlen bet pyglynyò alamatyna meòzeýär. Indi men dürli oýlar bilen ýüregimi
çiºirip, gijelerine-de oòly uklap bilmeýärdim. Pikirimde
Mele ºeýtan bilen ýüzbe-ýüz bolºup gidiºýärdim. Sen
biziò baºymyza nähili oýnuò bolsa toslaber bakaly.
Emma meniò baºym dik bolup dursa, seniò bu oýnuò
baºa baraýmaz... ªol günleriò birinde men nädip elim
paltaly, ar ýoluna düºüp, Mele ºeýtanyò üstüne gaýdanymy-da duýmanam galdym. (Ýazly eli paltaly säher
bilen gözüni açalak-ýumalak edip, Mele ºeýtanyòkyda
peýda bolýar. Oòa ilki aòyrdan sygyr sagyp gelýän Mele
ºeýtanyò eli süýt bedreli aýaly duºýar.)
P o º º u k h e l e ý (çytylyp). — Hi, oglan, sen näme
daò bilen beýdip süssenekläp gelýäò!
Ý a z l y (oòa tarap öwrülip). — Eý, heleý, sen bilip
goý, men nan sorap, seniò öýüòe emenip gelemok.
P o º º u k h e l e ý (bat alyp). — Onda nämüçin gara
daò bilen...
562
Ý a z l y (Ýazly Poººuk heleýiò sesini kesip). — Seniò
ol bokur sokudaº ogluò itini küºgürip, meniò gelnejemi
ýardyrypdyr.
P o º º u k h e l e ý — Ýeri-ýeri, bokur beýleki diýip,
ile diliòi ýetiriberme. Onuò üçin seniò bajaòa gudaçylyga barjak bolup duramyzok. Daº edewersin...
Ý a z l y (ýene Poººuk heleýiò sesini kesip, onuò üstüne
sürünýär). — Ogluò itini küºgürdimi — küºgürdi.
Gelnejemi itiò diºledimi — diºledi. Bar, ogluòy turzup
getir, ýa öýüòe girip, ukuda ýatyrka çapaýynmy?!
P o º º u k h e l e ý (aljyrap elewreýär. Hopugýar.
Elindäki bedresi ºakydap, ýere gaçýar). — Heý, waý,
bul-a bir gyzylym däli ekeni... (Ol gorkup öýüne tarap
çekilip barºyna). Seniò meniò oglum bilen näme iºiò
bar. Gelnejeòi ýaranam meniò oglum däl, it. Hola, zoruò
bolsa, küdäò gapdalynda ºol it ýatyr, ºoòa görkez!
Kakasy-uw. (Aýal öýe seredip gygyrýar.)
Ý a z l y — Poººuk heleý iti görkezip, oglundan
ünsüni sowdurup, al salanyna soò düºündim. Emma
eýýam indi giçdi... Gopguna baºyny göteren it meniò
düwläp gelýänimi gördi-de, rejäniò geò däldigini aòyp,
gernip öòünden çykdy. Men paltany itden salsamam-a
saldym welin, olam howada hatladyp, paltasapyndan
diºlemäge, urgyny çeýelik bilen özünden sowmaga ýetiºdi.
Göwresiniò agramyna serreldip, meni arkan ýykdy.
Men ºol barmana, janhowluma sermeleºdirip, elime
ilen bir penje gumy itiò ýüzüne okladym. ªundan soò
gum gapyp, itiò otlukly lowurdaýan gözleriniò ºöhlesi
uçan ýaly boldy. Onýança guma birbada garagy gapy563
lan it hem janagyrly hababaýlap, ýerinden turdy--da,
oòly görmeýän gözleri bilen meni gözläp duran ýerinde
ters aýlandy.
Çarºagy çemini alyp, itiò depesinden inderdim. It
bir çaýkanan ýaly etdi-de, iki-üç ädim ädip ätmänem
kese ýykyldy. Men ganym gyzyp, näme edýänligim
hakynda pikirem etmän, özümiò öý eýesiniò ýerinde
durup, ar alýanlygyma ynanyp, onuò kemsiz merkini
bermek üçin ýene-de özümi düýrmekligim bilen zyòdym
itiò üstüne. ªol ara kimdir biri meni ýeòsämden penjeläp, itiò üstünden göterdi-de owurdyma doòdurdy.
Men galgap ho-ol beýlä düºdüm. Görsem biziò gohumyza Mele ºaýtan oýanyp gelipdir...
M e l e º e ý t a n (gaharly). — Haý, päli azan
haramzada!
Ý a z l y (turup gelºine). — Häzir men seniò itiòden
arymyzy aldym. Ala-mula ºeýtan, bu uranyò üçinem
häzir men seniò otuòy otlajak. Az görsem soò bir
günem gelip seniò öýüòem otlaýmagymam mümkin.
(Ýazly küdä tarap ugraýar.)
P o º º u k h e l e ý (zähresi ýarylyp, onuò öòünden
sowlup barºyna). — Waý, il-gün-uw. Tutuò bu guduz
ýaºlary kesilmiº kellesizi!
Töwerege ýygnanan adamlaryò arasyndan birkisi
Ýazlyny ýerli-ýerden ylgaºyp gelip tutýarlar.
M e l e º e ý t a n (olara seredip). — Goýberiò, hany
ºony, näme edýän bolsa edenini bir göreýin. Bolduò
meniò baºyma Görogly. Otuny-öýüni seniò ýaly poha
564
otladyp, içinde jany ýokdur öýtdüòmi ºu adamlaryò.
Haý, agzyndan süýt ysy gitmedik malakasos haramzada!
Ý a z l y — Barybir häzir tutsalaram, soò bir gije
gelip, seniò külüòi göge sowyryn. Ertir ºu köçeden
geçen wagty topulyp ýarmag-a beýlede dursun, öwrülip
üýräýse--de, soò oòluk tamasyny etmegin!
ªol arada eli hasaly Donly baba peýda bolýar-da
Ýazlynyò golundan tutýar.
D o n l y b a b a — Ýör, oglum, aryòy ýerine salan
bolsaò, indi gideli! Bular namartdyr. Meniò bilen uruºdy
diýmez. Hökümetiò öòünde depleri bolsa geçginli. Däne
ogurlygynda tutuldy diýip, bular ýamana ýanar, basdyryp goýbermekdenem gaýtmazlar. Mele ºeýtan, Sumsar waga bilen ºu wagt duºman bolan özüò bolma...
Ýazly bilen Donly baba tirkeºip gelýärkä gapdaldan
däli aýal tapylýar. Ol Ýazlynyò ýüzüne seredip gyjynyp, “Mele ºeýtany!” diýip ºeýtgin diýen manyda bogalaýan ýaly hereket edýär. Garpyºygy görüp, hezil edenini
hereketi bilen begençli-göçüp görkezýär.
D o n l y a g a (çytylyp). — Bar, gitseneý, bende.
Seniòki nämaý ºu wagt. (Taýagyny uzadyp, oòa ýol
görkezýär.)
Ý a z l y (çekilip ugran aýala seredip). — Baba, ºu
aýalyò bilgiçlikdenem habary barmyº diýýärler... Körje
mamanyòka ol soramasa-da bir ýerden “Ak zat alnyòa
ýagºy” diýipmi-nämemi, bir suwkädi baºýuwluk getiripdir. Bir hepde geçip-geçmänkä hem onuò uly ogly
565
bir aýagyny aldyryp geläýipdir. Däliniò saç ýuwlugy
gelnine “Saçyòy ýuw, timarlan, ýaryò gelýär!” diýip bu
gowlugy öòünden duýup gelenine Körje mama soò
düºünipdir.
D o n l y a g a — Dek adam däli bolmaz-a diýilýär. Belki, bir halady-da bar bolmagam mümkin. ªunuò
ýalylara käbir zady jynlarynyò öòünden habar beräýýän
bolmaklaram mümkin.
Ý a z l y (pikirli). — Sorap görsek uruºda dereksiz
ýiten Gök agamyò niredeligini bilmeýärmikän ºi?
D o n l y a g a — Haý, nä bileýin, oglum. Gök jan
munuò jynlarynyò aýak ýeterinden uzakda bolsa gerek.
(Ol periºan bolup, alys bir ýerlere seredýär.)
Ý a z l y — ªeýle-de bolsa, bir sorap görseòiz-ä gowy
bolardy!
D o n l y a g a (Ýazlynyò ýüzüne guwançly seredip). — Är ýigitleriò hemmesi Orsýetde Meskewi
goramaga gitdi diýip ýördük welin, Hudaýa ºükür,
ýek-ýarym olaryò obada galanam bar ekeni. ªeýtanyòa agzyna gorkudan uçuk gaýnan bolsa gerek. (Donly
aga soòra Ýazlynyò buýsanç bilen arkasyna
kakýar.) Berekella, oòardyò, oglum! (Goja öz ýoluna
sowulýar.)
Saz ýaòlanýar. Ýazlynyò göz öòünde öz ýakynlary peýda
bolýar.
E n ä n i ò k e º b i (juda aladaly). — Ýazly jan,
oglum, näme sen dälirediòmi? Heý, baºlygyò güjükleri
bilenem bir agyz deòäp menjireºerlermi? Baºlyk baºlykdyr,
566
onuò adamlary bilen ýaka tutuºyp, mamla bolmarsyò.
Sen hetdiòi tana! Olar bilen agyz deòeme!..
A t a n y ò s e s i — Yzda-da biziò barlygymyzy
görkezdiò dälmi Mele ºeýtana?
A g a m y r a t — Inim, senden tama-da ºeýledi...
D ö w l e t — Men seniò göwräòde atyò kellesi
ýaly uly ýüregiò barlygyny, uly ýürekli adamyò
durmuºda biriniò duran ýerinde durup bilýän adam
bolýanlygyny öò aýdypdym-a.
N u r l y n y ò k e º b i — Men ýatdym-a, gözlerim
bilen aýtdym-a iner ýüküni götermegiò saòa ýeòil
düºmejegini!..
Saz ýaòlanýar. Yºyk ýananda Ýazlylaryò öýi. Sahnada
Ýazlynyò uly gelnejesi, ol ýüwürjisiniò aòyrdan sallam-sajak bolup gelenini görüp, ör gökden gelýär.
G e l i n — Weý, saòa näme boldy?
Ý a z l y (köýneginiò ýyrtylan ýerini tutup). — It
bilen ýakalaºdym.
G e l i n — Weý, ol nähili päli azan it, guduz
dagymyka? Elleriòem-ä ganjaryp dur seniò. Onam ºol
it etdimi?
Ý a z l y — Hawa, ºol Mele ºeýtanyò iti-dä.
G e l n e j e (diòe ºundan soò nämäniò nämedigine
düºünip, baºyny göterip, biraz arkaýynlaºýar). — Ýaòy
palta alyp barýadyò weli, ºoòa gitdiòmi?
Ý a z l y (aºak seredip). — Hümm...
G e l i n (töweregine seredip). — Ýusup, Ýussy-uw,
Ýussy!
567
Ý u s s y (beýleden sesi gelýär). — Näme, eje!
G e l i n — Gel bäri!
Ýusup aòyrdan çybyk münüp ylgap geýär. Näme nämeligine düºünip bilmän, bir egnini sallap duran agasynyò
ýüzüne seredýär.
G e l i n — Gel bärräk! (Ony elini uzadyp, ýanyna
çekýär.)
Ana, agaò Görogly bolup, ýara alyp gelipdir. Siýip ber ºonuò ýarasynyò üstüne. Menem sarar
ýaly esgi getireýin (Gelin öýe ýönelýär.)
Ýazly — Hany dyzz et ºuòa! (Ýazly oòa elini
görkezýär. Beýle ýumºa garaºmadyk Ýusup kyn görüp,
götinjekläp yza çekilýär.)
Ý u s s y — Ä-äüº edesim gelenok! (Öýden eli erkek
adam köýnekli gelin çykyp gelýär. Ol köýnegi Ýazlynyò
egnine atýar.)
G e l n e j e — Al, sylhaòy çykar-da, geý ºuny!
Ý a z l y — Agamyò köýnegi ýalak-la bi?
G e l n e j e — Seniò baºga egne sokaýara sarly
köýnegiò ýok, geý! Sag-aman gelse, agaòa-da köýnek
tapylar. (Onýança ol Ýussynyò çekiljiräp durºundan
“dyzz” etmedigini bilýär.)
G e l n e j e — Dyzz etdiòmi?
Ý u s s y (ynjap). — Dyzz edesim gelenok diýdim-ä!
G e l n e j e (ony tirseginden tutup,dözümlilik bilen
öz ýanyna çekip alýar). — Bolá atdan düº. Dyz et
agaò eline!
Ý u s s y (ikirjiòläp). — Utanýan.
568
G e l i n (kinaýaly ýylgyryp, Ýussyny gyssaýar). —
Gerek bolsa ºu-da tezegini derman eder. Görülmedik
zadyò bardyr-a seniò! Bol! (Elinden tutup durºuna ony
gyssaýar. Ýusup diýleni etmeli bolýar.)
Ý a z l y — Gelnejem elimiò ganjaran ýerine “em
edensoò”, men ýene-de eºegime atlanyp, kiçi gelnejemdir Sarygyz bilen suw tutýan ýerime dolandym. Ýusuby hem obanyò çetine çykýança taýharyma mündürip,
onuòam göwnüni awladym. Geò galýan Donly babaò
ºol aýdan sözleri ýadyma düºse-de, indi olaram maòa
öòküsi ýaly täsir etmediler. Men häzir öz kalbymyò
ownujak tolkunly Murgaba meòzeýänini çak etdim.
Özümçe içiòi sowatmak ºu bolsa gerek diýip oýlandym.
Saz ýaòlanýar. Sahna garaòkyraýar.
II BÖLÜM
Goºgy ýaòlanýar:
Bir agzy asmanda,
bir agzy ýerde
Biri — Demirgazyk buzly ummanda,
Biri — Afrikanyò jeòòelliginde,
Uruº atly ýuwdarha.
Hut agyz salýardy iki çignøne,
Ol dünýäò baýlygyn ýalmap ýatyrdy.
Düýä uruº atly ýowuz belany
Göni dört ýyl bäri ýallap otyrdy.
569
Obalar çolardy,
öýler çolardy,
Gidenleò ornuna matam ýas geldi!
Gidenleò ornuna gallaçlyk geldi,
Gahatçylyk geldi,
aç-açlyk geldi!
“Ynha, Ýeòiº bilen kakamyz geler!”
Dilde sena, kalbymyza teselli!
Açdyk,
Açdyk,
Ylla gara daº ýaly
Ýalaòaçdyk!
Emma özümiz iýmän,
Özümiz geýmän, urºa ýolladyk!
Günbatarda ýanýan uruº oduna
Çürüºýärdi çagalyk,
Ýanýardy ýaºlyk!
Sahnada yºyk ýananda pagta meýdany. Düºelge — çöp
keppe. Ýazly sahnada peýda bolýar.
Ý a z l y — Baý, bular nirä gitdilerkän? Hiç ýerdedem-ä görnenok bular. Ýa brigat gelip, baºga biriniò
paýyna “Suwsapdyr, kömek gerek!” diýip dagy alyp
gidiberdimikän. Brigatdan ºolam daº däldir...
Ýazly öòde bir zat görenini mälim edip kürtdürip durýar, soò geò galyp, gapdala çekilip hyºa bukulýar.
Sarygyz bilen Aýsoltan otyr. Sarygyz Aýsoltanyò gelin
börügini geýip, gelin bolandan bolup, özara gürleºip
otyr. Aýnada ýüzüni görýär. Göz-gaºlarynam oýnadyp,
ýylgyryp, Aýsoltana seredýär.
570
S a r y g y z (baº açyk oturmany oòaºsyz duýup, bir
elini kellesiniò depesine goýup, beýleki elini Sarygyz
tarapa uzadyp). — Getirsene gyz, biri göräýse, taò
eder, uýat bor! ...Wah-eý, ºol ireniò nämesine höwes
edýäò diýsene, kelläòe soky geýen ýaly edip. Nämedir
öýdýäò ºol sebili!
Sarygyz börügi bermäge howluganok. Börügi ºahyna
geýýär. Ýaºynyp gelinlere meòzäp: “Alyò salam!” diýip
pikirdäki gaýynlaryna eda bilen salam berýär. Anjaýyn
bolýar. Onuò gelin börügini wagty bilen baºyndan
çykarasy gelenok. Turup eýläk-beýläk gelin bolup,
ýaºynyp, owsunyp ýöräbem görýär.
A ý s o l t a n — Sabyr et, gyz. Gitjek ýeriò ýokdur,
gelnem borsuò!
Aýsoltan Sarygyza seredip, içinden — Gelinligiòem
lezzeti adamyò bar wagty bolýan ekeni... Gaýyneneò
bilen orta kendirik ýazyp, un eläp ýa hamyr ýugrup
heleý bolup oturansyò, adamyò o-da töweregiòden
aýrylasy gelmän, seni ýene bir gezek görmek üçin ºol
ony-muny bahanalap gelip durandyr. Dorudanam, ol
günler bir-biregiò mährinden ganma barmydy näme?..
Onuò ºeýdip duranyny ýüregiòden kem görmeýände bolsaò, gaýyn eneòden utanyp, ýere girip barýansyò
“Bi oglanam beýdip durman gidibermel-ä” diýýänsiò.
Ejesi onuò meniò töweregimden aýrylasy gelmeýänini
duýup oturandyr. Hi, ejesi duýmazmy, häzirki meniò
gelin duýgym, onuò özüniòem öò gaýyn atam bilen baglylykda baºdan geçiren duýgular-a. Gaýynenem, kiçi
571
dilden bärde sögünýär-ä. Käte öýüò erkeklerine: “Bulara heleý bolsa, baºga zat gerek däl. ªulaò bir garry
segsen ýaºan atalary bolupdyr, ºolam: “Maòa bir
ýaºrajyk dabany ýaglyja dul maºgala görseòiz gözüòizde
bolsun!” diýer ekeni. Bir günem ol ölüm ýassygynda
ýatyrka soramaga gelenleriò biri “Aga, ºu goòºy obada bir dul gelin bar ekeni, sag-aman gutulsaò, gidip
ºony saòa sorajak!” diýende ol “Hoh...” — diýipdir-de,
ölüp barýanam bolsa ºol gün ölmän gapa seredip, gelni
haçan getirkäler diýip ýatypdyr, bu-da ºol tohumdyrda... Sen-ä uýada goýman gidäýse diýersiò... Ol oglanyò
bolsa maòa düºünesi gelenok. Ahyr ejesi “Dynaòokmy
gelniòden, bar öz öýüòe äkit!” diýen ýaly diýer bir zat,
onsoò-a gider... Onsuzam uzakly gije men seniòkä.
S a r y g y z (ýene aýna seredip, uwultyrap). — Gelin
bolunaýanda hem hiç neneò geln-ä boljak däl ekenim...
A ý s o l t a n (makullaýjy nazar bilen seredip). —
Gelin kemiò ýok-la, gyz. Gyssanma, ºu uruº-gykylyk
bir gutarsyn, gyz. Ana, onsoò aýal-gyzlaryòam ýene
gurdy gündiz uwlar. Oglanlar bir gaýdyp gelsin. Olaryò
zarbyny ºonda görersiò. Olar bize “Hany, heleý, orakpiliòizi indi beri beriò-de, egrip, ýugrup, dogrup... öz
heleýligiòiz bilen boluò. Besdir, esli mahal erkekleriò
iºini edip erkeksiräp gezdiòiz” diýerler.
S a r y g y z (aºak oturyp umytsyz). — Hullasy ýag
içip, ýalaòaç ýatybermeli-dä onda.
A ý s o l t a n (maslahat berijilik bilen). — Sabyr et.
Seniòem nesibäò çykar bir ýerden!
572
S a r y g y z (ýaòsyly gülümsiräp, periºan bolup). —
Torly keliò-ä är tapylmadyk Käkiliniò baºyny düýnöòòünlikde yrym üçin boganmyºlar.
A ý s o l t a n (Ýazlynyò gelmelidigini ýadyna düºürip,
töweregine boýurganýar). — A gyz, Ýazly jan
gelibermedi-le?
S a r y g y z — Geler. Onsoòam häzir oòa garaºyp
duran gyssagly bir iºem ýok. Suwsan ýere-de suw
berdik. Indi onuò pagtasy ýaly berýär... Onsoòam, gelneje, seniò gudumanja ýüwürjiò-ä bar. Ýigit çykansoò,
gyzlar muny halasalar gerek.
A ý s o l t a n (ylalaºma bilen). — Biraz gyzmarak
diýmeseò. Haýsy iº bolsa-da, güýji ýetse-ýetmese-de
tomalanyb-a ýör neressejigim. (Aýsoltan ýatlamak bilen.)
Öýe düºen günlerim munuò söýlüp läliksirediliºini görüp,
agzym açylypdy. Ol günler öz ýanymdan “Mundan
öòly adam çykmasa gerek” diýip oýlanýardym. Döwlet
neresse bolsa: “Ýazlynyò ýüregi uly, ºo-da muny
kakabaºyrak görkezýär, hemiºelerem ýüregi uly adamlardan il öòüne düºüp, ýol kesen adamlar dörän ekenler” diýip, oòa aýratyn guwanardy...
Ýazly hyºanyò ýeòsesinde duran ýerinden.
Ý a z l y — Bu ýerden zompa çykyp, duýdansyz
barsam-a gelºiksiz bolar. Gelnejemem, Sarygyzam uýada goýaryn. Gowusy, görünmän, ýeòseräk çekileýin-de,
soòra ºol ýerden gelýänimi aòdyryp, geleýin. (Ýazly
usul bilen çekilýär.)
573
Uzakdan ýakynlap gelýän aýdym sesi gelýär:
Bilmen oýalykda, bilmen düýºümde
Peròden Gyratyò-ow owazy geldi.
Bilmen ne söwdalar bardyr baºymda,
Ýyglaýyp Gyratyò-ow owazy geldi!
A ý s o l t a n (aýdym sesini eºidip, ýüwürjisiniò
öòünde baºaçyk oturmagy uslyp bilmän, ýene börügine
el uzadýar). — Getireweri, gyz, Ýazly janam ýetip
gelýär!
S a r y g y z (baºyndaky börügi alyp, eýesine uzadýar). — Al, gelin baý, heleýligiò özüòe nesip etsin...
Ýazly baºlyk gelýän bolsa, her kim öz ýerinde bolmaly
bolar...
Saz ýaòlanýar. Sahna garaòkyraýar. Yºyk Ýazla düºýär.
Ý a z l y (sahna gelýär). — Salawmaleýkumler! (Soò
ol Sarygyza tarap gülümsiräp, onuò berjek soragyna
jogap berýär.) Siziò töweregiòizde-hä del eºek görmedim!
S a r y g y z (biraz oýly, nägile halda). — Bolmasa
bolmanlar geçsin... Wiý, ýogsa-da, ýaòy brigadir gelip
gitdi, baºlyk seni kontora çagyrýarmyº.
Ý a z l y (oýurganyp içini hümledip, özi bilen gürleºip
barýar). — Baºlyk kontora çagyrýan bolsa, onda
onuòkam düºnükli. Mele ºeýtanyò öýünde bolan waka
üçindir. Onuò item indi meni görse, öjügip has gaty
üýrýär... Erinleri sallanyp dur, bir kyýama eýesi Mele
ºeýtana-da meòzäbem dur özem. Ejemden: “Her adam
574
öz doglan aýyndaky haýwana azda-kände meòzemeli”
diýib-ä eºidipdim, ýöne...
Dosmuhammet
a g a n y ò k e º b i — Baºlyk,
sen näme iº ýeriòde bolman, oba masgara bolup ýörsüò?
Men-ä seni, näme-de bolsa erkek adamdyr, ýoldaº bolar, kömek bolar — diýip, ejiz ordalarymy ynanýan.
Sen bolsa tut-da-bas bolup, oba üçinji fronty ýaýbaòlandyryp ýörsüò?!
S u m s a r w a g a n y ò k e º b i (baºlyga ýüzlenip).
— Baºlyk, bujagaz dälibaºyò bu eden iºi üçin onuò
gözüni türmeden açmaly. “Gelnejemi itiòe ýardyrypsyò,
ºonuò üçin sizi çapjak!” diýibem biriniò üstüne sürnüp
bolarmy? Heý, görlüp-eºidilen zatmy?.. Bu gün ºeýdip,
Meläniòkä baran bolsa, erte meniòkä, soòra “çapjak”
diýip dyzanyp, seniòkä barar... Gümüni tapyp, mundan
dynmagyò alajyny etmeli!
M e l e º e ý t a n y ò k e º b i — Hany, gel bakaly
sen kontora. Men seniò baºyòa ºeýle bir, ºeýle bir oýun
getirin, nädersiò ileri-gaýrany tanaman oturan mahluga
öwrülip oturaýsaò! ªonda bilersiò sen kim bilen gidiºýäniòi!
Men oba kontorynyò gapysynyò öòüne gelen wagtym, içerden aglap gelýän bir aýal çykyp gitdi. Men ol
ýerde gidýän “söweºleriò” ýeòil däldigini pikir edip,
gapydan girip, çetki oturgyçlaryò birinde ornaºdym.
Meni görüp, baºlygyò oturan stolunyò baºynda oturan
Mele ºeýtan ynjalykdan gaçyp, oturan ýerinden oýkanjyrady. Baºlygyò beýle ýanynda oturan Sumsar waga
“Hä, geldiòmi?” diýýän manyda maòa göz aýlap goýberdi. Sur bagana telpekli baºlyk ortada baºyny aºak
575
salyp, sargylt misden guýlan ýaly bolup otyr. Häzir
olar ortada sortduryp duran aýaly, möjekleriò meýdanda galan sygry orta alyºlary ýaly gallapdylar. Iýiji
gurduò gözleri ýaly otlukly gözlerini ýalpyldadyp, hüjüme
geçip, öòa serediºýärdiler.
P a t m a — Syrkawladym. Baºym aýlanyp, ýerimden galyp bilmedim. Onsoò ýatdym.
M e l e º e ý t a n — Patma, bahana etme. Dertsiz
adam barmy? Seniò ýaly bahana arap ýatsa, her kimem
ýatybermeli!
S u m s a r w a g a — Uruº gidip dur, uruº. Oòa
bolsa nan gerek, top, gerek, tank gerek. ªonam bolsa
kim biz iºläp gazanmaly. Bilýäòmi, Patma, ºuny?
P a t m a — Bilýän.
S u m s a r w a g a — Bilýän bolsaò, näme iºden
galypsyò?
M e l e º e ý t a n (sesini gataldyp). — Patma, goýsana! Seni kesel näme etsin. Sen itdenem sag.
Patma aglarly bolup, egnini sallap alaçsyz dymyp dur.
S u m s a r w a g a — Patma, näme gara sygyr bolup gadalyp dursuò? Gepled-ä bir zat!
P a t m a (tisginip, peltasine ot degip). — Seniò
eneò gara sygyr, gömlen iki çagasy bilen ärinden
aýrylyp gelen bajyò gara sygyr! (Patma gargynan
wagty Sumsar waganyò, Mele ºeýtanyò, Aýaz brigadiriò ýüzünde birmeòzeº ýaòsyly ýylgyrma peýda bolýar.)
Ý a z l y (içinden oýlanýar). — Bularyò kontora
çagyrylan adamlary ºeýdip it alan sanaja dönderip,
576
soòundanam otlap sypdyryp goýberýänin-ä öòem
eºidýärdim welin... Gör-ä bularyò bir-birine baº atyºyp,
düºüniºip bu bendäni çekeläp duruºlaryny? Menem
bular ºeýdiºip ýerli-ýerden topulyºyp, baºaýlanma etseler gerek?..
S u m s a r w a g a (Patmanyò üstüne büküdip). —
Sem bol, Patma!
P a t m a (haºlap durºuna). — Sem-ä bolman. Sem
edip bilºiòe et-dä, ýüzi gotur ýerçeken (Birdenem ol
Ýazla tarap öwrülip) Wah, meniòem Ýazly jan ýaly
ýüwürjim bolan bolsady, seniò hakyòdan çykardy welin...
D o s m u h a m m e t (sähelçe baºyny göterip). — Patma!.. Goý! Her diýlen zada janyòy ýakyp ýörmezler.
Ýaramaýan bolsaò, dogtara görün. Onsoòam haýal etmän, iºe çyk. Köpüò arasynda bolsaò gowy bolar.
Ysgynsyzlygyò — aç gezýänsiò. Ýeterlik nan bolmasa-da gawun, garpyz bar-a brigadalarda. Bererler, iýibererler senem ºondan.
Patma baºlykdan hoº bolup, baº atyp çykyp gidýär.
Ol gidensoò jaýda oturanlar bir-birine serediºip,
wakyrdaºyp gülüºýärler.
Dosmuhammet baºlygyò nazary Ýazla gönügýär
— Geldiòmi, baºlyk?
Ý a z l y — Geldim.
D o s m u h a m m e t — Pagtalaò ýagdaýy nähili?
Ý a z l y — Oòat. Suwsatmajag-a bolýarys.
D o s m u h a m m e t — Pagtalary suwsatmaly däl!
Ýogsam-da näme üçin sen ol meniò al diýen çarykla577
rymy henizem almansyò? Aýakýalaòaç bolmaz! Ýandagy örän ýaman-a ol ýeriò. Çaryklar gatasa, suwa
basyp-basyp geýiberiò. (Dosmuhammet baºlyk soò ýeòsesine öwrülip, Sumsar waga ýüzlenýär.)
D o s m u h a m m e t — Getirdiòmi ºol çaryklary?
S u m s a r w a g a — Hawa, getireýinmi ºu ýere?
D o s m u h a m m e t — Getir!
Sumsar waga gidip, üç jübüt çaryk getirip berýär.
Ýaz-ly çaryklary alýar-da, gapa tarap ugraýar.
Ý a z l y — Asla bu zatlara ynanar ýaly däl. Hamala ºol itli, paltaly waka hemmeleriò ýadyndan çykan ýaly. Hiç kim bu zatlar barada meniò ýüzüme
gelmedi, menden jogap soranam bolmady. Men jaýdan
çykamdan soò gapydan uzaklaºman, ýaòky Patmanyò
yzyndan göterilen gülki ýaly gülkä garaºdym. Hiç kim
gülmedi. Men welin özümiò ºu üç jübüt çaryk üçin
çagyrlanyma henizem ynanyp bilemok.
Yºyk öçýär. Saz ýaòlanýar.
Ejeler iºde, eneler iºde,
Gojalar iºde, çagalar iºde,
Iºde daò atandan gijäò ýaryna!
Pis duºman tokundy seniò aryòa.
Orta atylanda Watan namysy!
Diòe ýeòiº, diòe ýeòiº dillerde —
Ýeòiºde jemlendi, dünýäò namysy.
Yºyk ýananda Ýazlylaryò öýi, gijelik. U l y g e l n e j e s i
gijäniò gaýry bir wagty yralap, Ýazlyny oýarýar. —
Ýazly, Ýazly!
578
Ý a z l y (ol gözüni açan mahaly gelnejesiniò üstüne
abanyp duranyny görýär). — Hä, näme?
U l y g e l n e j e — Babanyò-a haly pes. Kimdir
birine garaºyp gözüni gapa dikip, ölüp bilmän ýatyr.
(Çykyp gidýär.)
Ý a z l y — Men agºam iºden gelen wagtym uly
gelnejem öýde ýokdy. Ol indi iki günden bäri Ogulnäz
mama bilen dilden-agyzdan galyp, ölüm ýassygynda
ýatan Doly babany saklaýardylar... Baba kimdir birine
garaºyp, gapa gözüni dikýän bolsa, belli zat. Ol uruºda
dereksiz ýiten ogluna garaºýandyr. Arkaýyn ölerim
ýaly gelip, öýüne eýe bolanyny bir görsem diýýändir.
Men ol ýerde gerekligimi bilip, dessine gözlerimi
owkalaºdyryp, daº çykdym. Ol ýerdenem meni Söýünala Donly babanyò aýal doganyny getirmäge ugratdylar.
U l y g e l n e j ä n i ò k e º b i — Howlugawer, Ýazly, tiz gidip, tiz geleweri. Belki, dogany demine ýetiºäýedidä! Donly babanyò ýykylany bäri ýogsam ol bende-de
ºu ýerdedi-leý. Düýn bir yzyma-da aýlanyp geleýin
diýip gitdi.
Ý a z l y — Ýol boýy men Donly baba bilen bagly
pikirlerden baºga hiç zadyò pikirini edip bilmedim. Her
gezek ol Görogly begdir onuò kyrk ýigidi hakynda
beletlik bilen gürrüò edende men öz ýanymdan Donly
baba hem ºonuò ýigitleriniò biri bolandyr diýip çak
edýärdim. Donly babany diòläp, mahal-mahal bizem
hyýalymyzda Gyrata atlanyp, Görogly begiò yzy bilen
579
Çardagly Çandybiliò daºyny gaban Hüòkaryò üstüne
at salýardyk.
D o n l y b a b a n y ò k e º b i — Oglum, indi meniòem
uly göçüò kerwenine dakylmaly müddetim geldi. Bu
irde--giçde bolmaly zatdyr. Onsoòam ynsan doglan
gününden bäri ynsan öz ölümini boýnuna alypdyr...Hä,
ýöne, arman, maòa Gök janyò bir gysym gumy miýesser etjek däl-dä. Ol habar-soragyò çäginden daºda bolara çemeli. Çykmadyk janda umyt bar, belki, bir gün
ýüze-de galkar. Dolanyp gazygyna-da geler. ªeýle bolsun-da hernä... Oglum, seniòem ºu bolºuò bolýar, jigileriòi, gelnejeleriòi hor-homsy etmän geziber. Hemiºe iliò,
gowulygyò tarapynda bolsaò, ýalòyºmarsyò. Sürünibem
ýörme. Ýöne Mele ºeýtan ýalylardan çekinibem ýörmegin. Hakyò tarapynda bolsaò, biraz öte geçseò-de men
bolmasamam gerek ýerinde arkaòy aljak tapylar. Haçan
doglanyò parhy ýokdur. Nirede-de bolsaò, sen Göroglynyò ýigitleriniò birisiò. Çardagly Çandybile howp
abandymy, gylyjyòy syryp basyber atyòa jüp gamçyny!..
Ý a z l y — Men Donly aganyò dogany bilen öwrülip
gelen mahalym eýýäm boljak iº bolana meòzeýärdi,
öýüò töwereginiò märekesi köpelipdi. Baºlaryna köne
bürenjek büreniºen aýallar Donly babanyò ýatan jaýy
bilen gamyº kepbe aralygyny zygyr-zygyr gatnap, bir
zatlary mürdeºip maslahat ediºýärdiler. Iliò ýagºysyna-ýamanyna ýarap ýören Abdylla çolak, Gurt milise
dagam eýýäm bu ýerdediler.
N u r l y n y ò k e º b i — Inim, Donly baba-da ºeýle
boldumy? Ol gowy adamdy bende. Ýurt bähbidiniò
580
tarapynda bolup, ömür özüni Göroglynyò kyrk ýigidiniò biri hasap edip gezenleriò bir ºolam... Oglankak
onuò gürrüòini diòläp, bizem ºol ýygyna goºulan ýaly
bolardyk. Ýok, goºulan ekenik. Ine bizem ºol goºunyò
sapynda Hüòkar goºunlary bilen döwºüp ýörüs... donly
babanyò saralkalarynda sen biziò ýerimize-de, durmaly
bolarsyò. Onuò diòe baba däl-de, öz serdarlarymyzdan
galan iò garry töòòedigini hem unutmagyn!
Ý a z l y — Agam Nurlynyò keºbiniò häzir bu ýerde
bolmajagyny maòa alada bilen duýduryp durºy ekeni.
Men muny soò bildim. Donly babanyò jesedi çykarylan wagty ýaºulular häzir bu ýerde onuò ogly Gögüò
ýoklugyny ýatlaºyp, onuò ýakyn garyndaºy hökmünde
tabydyò öòüni götermek maòa ynanyldy. Tabydy göteren
wagtym, ähli agram bir özüme düºýän ýaly iki dyzym
saòòyldap gitdi. Serdarlaryò biri bolup, olaryò ornuny
tutmagyò kyn ýeri, soò görüp otursam, entek öòde
ekeni. Donly babany baýyrdaky gonamçylyga getirenimizden soò, onuò soòky jaýyny gazyp taýynlan adam
üst baºyny ala çaò edip, gabyrdan çykdy.
G a b y r g a z y j y (adamlara ýüzlenýär). — Serdarlardan girip görjegiò, göwne jaýlajagyòyz barmy?
Ý a z l y — Men birbada bu sözüò diòe özüme
degiºlidigine aò etmän, töweregime seretdim. Görsem
serdarlardan bir özüm. Bir pursatlyk üýºüºip, ºeýle
ýagdaýlarda “Sen dur, men öleýin” diýºip hajraw ýaly
bolºup durýan serdarlaryò häzir bu ýerde menden
baºga birisi-de ýokdy. Men ol ýerde näme etmelidigimi
bilmesem-de, serdarlaryò durmaly ýerinde durmak üçin
581
gabyra ýöneldim. Ýöne Gurt milise: “Ýegen, sen dur!”
diýip, çukura girmänkäm meni saklady. Soòam özi
girdi-de, merhum üçin gazylan jaýda aýaklaryny uzadyp ýatyp gördi. Biziò töwereklerimizde bar bolan
düzgüne görä, merhumyò jaýyna onuò ýakynlaryndan
biriniò girip, ýatyp görmegi, göwnüne jaýlamagy adat
eken. Men oglan bolamsoò, henize çenli öwlüýä baryp,
adam jaýlap görmändim. Gurt milisäni synlap, aºak
düºen bolsam, öz etmeli hereketlerimiòem gabyrda ýatyp görmek bilen bagly ekenligini gören mahalym,
baºymdan sowuk suw eòterilen ýaly birden hopukdym.
Häzir gerek pursadynda olaryò bu ýerde ýoklugyny
ýatlan mahalym agalarym ýene-de göz öòüme geldiler.
...Olar häzir ot-ýalnyò içi bilen, okdurylyp barýan
tanklaryò yzy bilen “Urra” gygyryºyp, duºman üstüne
okdurylyºyp barýardylar.
D o n l y b a b a n y ò k e º b i — Hüòkary ýeòip,
ýigitler gaýdyp gelende bu öwlüýäde-de birimiz ýatyr
diýip, Donly babaòyzam ýatlaweriò, oglum!
Ý a z l y — Giçlik öýe gelen mahalym uly gelnejemiò jigim Ýussujygy gujagyna alyp, arkasyny diwara
berip periºan oturanyny gören wagtym, süòòüm bir
ýakymsyz zady syzdy. Kakamdan ýa-da agam Nurludan
bir erbet habar geläýdimikän diýip howpurgandym.
Gelnejem biraz mundan öò haýsydyr bir zady ýüregine
sygdyryp bilmän aglan bolarly. Ortada jynyò yºygy
ýaly bolup öçügsi ýanyp duran çyranyò yºygyna men
onuò gabaklarynyò biraz ýellenendigini hem gördüm.
...Ilki gelnejem bir zadyò üstünde bir-birleri bilen
582
hyòranºan bolmaga çemeli, ºeýledir. Kiçi gelnejem häzir
ýok, ol öýkeläp turup, öz jaýyna ýatmaga giden bolmaly. Ýussujyk meniò gelenimi görüp, ylgap gelip
boýnumdan aslyºyp jidirdedi.
Ý u s u p — Ýazly kaka, Ýazly kaka, biziòkä öòki
gelýän sakgally baba geldi.
Ý a z l y (töweregi gözläp). — Hany?
Ý u s u p — Ol gelnejem bilen heýläk... daº ýere
gitdi. Ejemem aglady, gelnejemem meni gujaklap köpköp ogºap aglady.
U l y g e l n e j e — Gelnejeò-ä kakasy gelip, öýlerine
äkitdi, ýaòyja gitdiler. Çykan bolsalar, ýaòy obadan
çykandyrlar. Ýaòy gelýärkäò bir eºegaraba duºmadymy
saòa?
Ý a z l y (hopugyp). — Näme üçin?
Gelnejem jogap ýerine gözlerini çygjardyp ýene
hamsykdy. Baºyma ahyrzaman gopany belli boldy.
Men ylgap, daº dykdym. Uly gelnejemiò yzymdan bir
zat diýip gygyranyny eºitsem-de, onuò näme diýenini
seljermedim.
Obadan çykyp, ýene biraz ylgamsoò, men hol öòde
öz maýdalyna tykyrdap barýan arabany gördüm. Aý
süýt ýaly aýdyò bolansoò, ºol arabanyò yzynda oturanyò
gelnejemdigini saýgarmak maòa kynam bolmady.
— Gelneje, gelneje!
Men ºol ylgap barºyma iki gezek zowladyp-zowladyp gygyramsoò, garaòky tolkunyp giden ýaly boldy-da, araba saklandy. Men olaryò yzyndan ýetip, özümiò
näme-nämeler edýänligimi unudyp, arabanyò yzynda
583
bir gysym bolup oturan gelnejemiò köwºüne ýüzümi
goýup, ýalbaryp agladym.
— Gelneje, gitmesene, gelneje!.. Ynha, Döwlet kakamam geler!.. Aýlynyò daýysy öldi diýlenden soòam
gelmedimi näme?.. Gelnejem gepläp bilmän, öüzüni gapdalyndaky düwünçegi berip, silkinip içigip-içigip aglady.
Ýazlynyò ýadyna gelnejesini goòºy obadan gelin edip
getiriliºi düºýär. Ýolda gelnaljylar ala ºowhun bolºup
gaýdyp gelýärler. Aýal-gyzlar arabada, birnäçeler gapdaly bilen ýöräp gelýärler. Gülüºýärler, degiºýärler,
aýdym aýdyºýarlar.
Dünýäò joºy gelipdir,
Ýigit hoºy gelipdir,
Ertir turjak kerweniò,
Kerwen baºy gelipdir.
Öòden Döwlet Aýsoltany atlaz parça dolap söýüp
buýsanyp, at öòüne alyp barýar.
Ý a z l y — Arabany sürüp barýan gürzelek sakgally adam arabadan düºüp geldi-de, köpügörenligini edip,
meni köºeºdirmek üçin göwünlik berdi.
Ý a º u l y — Goý, ogul, aglama. Agaò geler, enºalla.
Ana ºonda sen bize söýünjilemäge gel, gelnejeòem
ºonda özüò bilen alyp gaýdyber. Ýa-da arabaly özüm
getirer gidäýerin. Söýünaly bilen Gaplaò obaò arasy
daº ýermi näme?! Oglum, sen erkek kiºi ahyryn. Mert
bol! — diýip, ýene bir zatlaram diýdi welin, ýöne
meniò birnäçe minutlap depme ker bolan gulaklarym
onuò soòky söz-lerini eºitmedi.
584
...Näderimi bilmän, özümden barha daºlaºyp barýan
arabanyò yzyndan seredip aglap galdym. Durmuº labyrynyò barha özümiò ýere sokup barýanyny duýup,
agam Nurlynyò ýerine özümiò gitmedigime gynandym...
N u r l y n y ò k e º b i — Inim, seniò ornuòda bolmagyò ýeòil däldigine düºünýärin... Wah, özümiziò birden-birimiz bolanlygymyzda bu agramlyklar saòa düºjekmi
diýsene. Uruº, ºol turdy-da nägehan. Ýöne gaýrat et, ýene
bir azajyk gaýrat et, inim!..
Ý a z l y — Men baýyrda ýüzün düºüp ýatyºyma
aglap-aglap içimi sowatdym. ªundan soò birhili göwnüm
giòänem ýaly boldy. ªeýle-de maòa maºgalanyò, iliò
öòünde ejizlänimi mälim edip aglamak bolanok ahyr,
men bir öýüò eýesi, türkmençilikde öý eýesiniò ejizlik
etmegi söweºde serdaryò dyza çöküp, namartlamagy
bilen deòeºdirilýär. Ýalazy meýdanda bolsa kim meni
görýär. Öýdäkiler indi ýatyºandyrlar diýip pikir edip,
baýyrlaryò düýbüni ýalap akýan ýaba inip, ýüz-gözümi
ýuwuºdyryp, özümi ele alamsoò, ýüzümi garaòka tutup,
yzyma dolandym.
Ý a z l y — Pagta ýygymam indi aýaklap barýardy.
Biziò ýygan pagtamyz, pagta saklanylýan saraýda dag
bolup, seòòer atyp durdy. Men biraz mundan öò
Dosmuhammet baºlygyò bu ýere ganar dykmaga iberenleriniò biri bolupdym. Wolkow diýen bir orus bolsa
ganarlary öz “Palawtirkesi” bilen münder ýükläp, ºähere
çekýär. Menem ýatymlaýyn iºläp, üç-dört gündenem
bir gije öýe gelip ýatyp, ertirem ýene ony-muny iýeriçer alybam, irki araba bilen saraýa gaýdyp gelmeli. Bu
585
günem meniò öýe gelip, goºumy düwüp, ir bilen üstümden gelip, alyp geçjek araba garaºyp oturan günümdi.
Bir-denem ýas-ýaòyja daºaryk “dyz” etmäge, ejesine
bala-gynyò uçguryny çözdürip giden Ýussujygyò gidiºi
ýalam ýene basga düºüp, içerik girdi.
Ý u s s y (howlugyp). — Ýazly kaka, Ýazly kaka,
biziò öýümize däli aýal gelipdir.
Ý a z l y — Ol näme iºleýärkä daò bilen bu ýerde?
G e l n e j e — A bir akyly üýtgän adamdyr-da. Ol
bende näme etmelidigini, nirä gtimelidigini aò edip
bilýän bolsa ºeýdip ýörermidi. Açdyr özem, bende. (Soò
ol dälä bermek üçin bir bölejik nan bilen, bir burum
kak alýar. Ýussy Ýazly bilen daº çykýar. Däli aýal gapydan geçýän suwly goljugyò baºynda oturyp, heºelle
kakyp daº-töweregine suw seçeleýär.)
D ä l i a ý a l (suw sepip). — Ana, ana, uçdy. Ana,
ana, atlar tapyrdyk-tapyrdyk çapyºýar. Hyw-hana, hana
gelýär ozup...
U l y g e l n e j e — Ýazsoltan, senmi dogan? (Soò
elindäkileri uzadyp) Al, dogan, ºuny. (Däli suw sepmesini goýup, ol zatlary alyp, begenendigini mälim edip
ýylgyrýar. Gitmek üçin yzyna öwrülensoò, ýene birden
öwrülip, Ýazly daga suw sepýär.)
U l y g e l n e j e (tisginip). — Waý, dogan, nädiberdiò. (Däli keýpihon ýylgyryp, aýagy ýeòläp, yzyna
gidýär.)
Ý a z l y (iç gepletmesi). — Meniò gaty gören zadym
öz ynanmaýan zadyma, Aýsoltan gelnejemiò ynanmagydy.
Barybir men henizem Döwlet kakamyò geljegine yna586
namok. ...Uly gelnejemiò bagtyna, meniòem, bütin
maºgalamyòam bagtyna hälem Ýusup jan bar ekeni.
Ýogsam, uly gelnejemem Saparguly düýeçiniò aýaly
ýaly hasratdan akyly üýtgänleriò biri bolmagy-da gaty
ahmaldy. Ýusubyò bar ýerinde bolsa hemiºe oýun-gülkem,
alada-da tapdyryp dur. Gelnejem öý iºlerini edip ýörºüne
Ýussynyò tükeniksiz berýän soraglarynyò käbirine “hä-hawa” berse-de, soòky döwür has-da ejesi bilen bäbek
alanlara gidip, gutlap gelenleri bäri ol “Eje, bizem
bäbek alaýaly?” diýip, ýürege düºýärdi. Ejesi birki
gezek “Bor, ol, bi” diýensoò ýürege düºüberse: “Men-ä
bäbeksizem baºymy çaramok” diýip, oòa abyr-zabyram
edip alardy. Menem esasy öýe Ýusuby göresim gelip,
onuò bilen oýnasym gelip gelýärdim. Ýusup janyò ºu
bizi guwandyryp, galkyndyryp, öz çagalyk dünýäsinde
ýaºap ýörºüne ýurt üçin, uruº üçinem onuò nämeligini
anyk bilmesemem, juda uly bir wajyp iºi ýerine ýetirýänligine ynanýardym.
Saz ýaòlanýar. Yºyk öçýär. Ýaò sesi. Yºyk ýananda
Ýazlylaryò öýi.
Ý a z l y — Bu günem meniò öýden habar almaga
gelen günlerimiò biridi. Hemiºeler käte bolºy ýaly ýene-de wagty bilen meniò gözlerime uky gelmedi. Kakamy, agalarymy göresim gelýärdi. Olaryò ýene-de töweregimi gallaºyp ýörmeklerini isleýärdim... Birdenem
daºarda aýak sesi eºidilen ýaly boldy... Gulagyma eºidilen
bolmagy hem mümkin. Men töweregi anyk eºitmek
üçin gulaklap dymdym...
587
S e s — Ýazly, Ýazly!
Men näçe ünsli bolsamam, birbada ol sesiò kimiòkidigini tanap bilmedim. Onýança bir-ä pessaý ses bilen
gelnejemiò ady tutulyp, gapy sähelçe itildi.
S e s — Jahan!
Ý a z l y — Men bu gezek bu sesi Mele ºeýtanyò
sesine meòzetdim. “Bu haramzada indi meniò öýde
bar-ýogumy anyklajak bolýarmyka? Pälini ýamana diken
bolmaly, haramzada. Bu öý seniò ýalyò aýagynyò
sekmeli ýeri däldir... Häzir men seniò bajyòy üwräýin”.
Men ojak baºyndaky atyºgiri alyp, gapynyò öòünde
häzir boldum. Girdigem demir atyºgiri inderjek depesinden. Onýança, ol ses ýene gaýtalandy.
U l y g e l n e j e — “Häh” diýip, tirsegine galyp,
gapa tarap allaniçigsi bolup seredýär.
Ý a z l y — Iºik açylan wagty ilki aý aýdyò gijäniò
bir bölegi ak meýdan bolup, içerik girdi. Men gapynyò
öòünde esger geýimli, arkasy goºhaltaly agam Agamyradyò duranyny gördüm. Tanadym-da, birdenem
näme üçindir bilemok, onuò deri ysly köýnegine ýaplanyp, begenmegiò ýerine arka tapynyp, öýüò ýigitlerini ýatlap, möòòürip aglap goýberdim. Indi maòa
aglamak aýybam däl. Indi meni öýüò eýesi ejizläp dur
diýip geòläbem bilmez. Meniò öòümde öýüò hakyky
eýesi, dört ýyllap gözümden uçan agam dur jyljyraklap...
Nurlynyò ºol ýola salanymdaky keºbi meniò ýadyma düºdi. Onuò nazaryny okaýºym ºu gezek öz göwnüme-de jaý boldy. Ol maòa: “Inim, seniò ornuòda galmak,
588
iner ýüküni götermekdir, sen döz gelip, ºol ýüki göterip
biläýseò-ä” diýip, agalarça meni alada eden ekeni. ªol
gije, agamyò gelen güni bu ýük ýene-de meniò gerdenimden düºdi.
...Orta atylanda Watan namysy,
“Diòe Ýeòiº!
Diòe Ýeòiº” — dillerde,
Ýeòiºde jemlendi, dünýäò namysy!
Iºledim...
Iºledim ýadaman-arman,
Namys gazabyòa öç berýär eken!
Ajam bolsak, dok duºmany ýeòdik biz,
Çünki eziz Watan güýç berýär eken!
Saz. Ýaò sesi. Ýuwaºlyk bilen yºyk öçýär.
SOÒY
589
REDAKTORDAN
(Ýazyjy Agageldi Allanazarowyò eserlerini
okanymdan soò dörän pikirler)
Agageldiler bilen telim ýyl Aºgabadyò ilersindäki
“Nahalstroý” diýen ýerde goòºuçylykda ýaºan hem
bolsak, men onuò döredijiligi bilen o diýen tanyº däl
ekenim. Ýogsam, ºol günler, ºahyr goòºular Atamyrat
Atabaýew, Nobatguly Rejebow, Kakabaý Gurbanmyradow, Agageldi Allanazarow, Oraz Ýagmyrow dagylar
bolnup häli-ºindi duºulardy. Goºgy okaºylardy, döredijilik barada söhbetler edilerdi. ªol söhbet, jedelleriò uly
mekdep bolanlygy indi-indiler has aýdyò görünýär.
Ýanýoldaºym Atamyrat maòa hemiºe deò-duºlarynyò
döredijiligi barada pikir alºanymyzda Agageldi barada
ýarym degiºme bilen: “Ol edebiýatyò üstüne ýokardan
inen” diýerdi. Bu gürrüòiòem döremegine men Agageldiniò desantçy goºunynda gulluk edip, paraºýutly asmandan inip gezmegidir öýderdim. ªol döwürlerde onuò
“Ýedi däne” atly desantçylar barada ýazan kitaby hem
meniò elime düºüpdi. Ýöne näme sebäp bolanyny bilemok,
o-da okalman soòa goýlan zatlaryò biri bolupdy. ªol
döwürler “Agageldi çagalar üçin gowy goºgular döredýär,
590
ol “Goja” diýen bir gowy hekaýa ýazypdyr” diýip
eºidenim hem ýadymda. Agageldiniò döredijiligi bilen
men ýaòy-ýakynlarda, onuò eserlerini redaktirlemek
miýesser bolanynda ymykly tanyºdym. Maòa ilki bilen
onuò “Düwlen” romanyndaky nemes gyzy Bertanyò
ykbaly — onuò türkmen ýigidine bolan uly söýgüsi
örän uly täsir etdi.
Dogrusy, Allanazarowyò eserlerine bolan “iºdämi”
hem ºol açan ekeni. ªeýlelik bilen onuò ýazan “Ojak”
romanydyr powest, nowellalary, hekaýalary meniò soòky
döwürde halap okan eserlerim boldy. Bu bolsa meniò
ýazyjynyò möwç urýan tolkunly döredijilik ummanynda höwes bilen ýüzmegime sebäp boldy.
Agageldi Allanazarowyò eserleri hakda redaktor
hökmünde özümde galan täsiri bir söz bilen aýtmaly
bolsa, oòa ussat ýazyjy diýip arkaýyn aýdyp bilerin.
Sebäbi ol haýsy zat hakda bolsun, uly hakda bolsun,
kiçi hakda bolsun, tapawudy ýok, näme hakda ýazsa-da, ºol zady ºu Watan, ºu toprak, ºu adamlar bilen bir
bitewi zat hökmünde baglanyºdyryp bilýär. Bu onuò
ussatlygyndan nyºan. Millilik — Agageldiniò ähli eserleriniò sütüni. Okap otyrkaò hemiºe gözüò öòünde
türkmen ojagyna mahsus bolan birek-birek bilen mährem
gatnaºyk, gaýyn bilen gelniò arasynda, gelin bilen
ýüwürjiò arasynda, rysgal-döwletli ojagy özüniò abaý-syýasaty bilen, ugurtapyjy dili bilen aýlap oturan
köpügören mährem enäniò keºbi, urºa giden agalarynyò
yzynda bir maºgaladan erkek göbekliden ýeke özi
galan ýetginjegiò mährem gelnejeleriniò göwünlerini
591
göterjek bolup hozanaklap ýörºi... juda täsir galdyrýar.
Bu zatlar, gahrymanlar, goý, uly adamlar bolsun, çaga
ýa ýetginjek bolsun, tapawudy ýok, olaryò diòe türkmenlerdigini, ºu Watanyò, ºu topragyò ogullardygyny
görýärsin, guwanýarsyò. Senem özüòi ºolaryò arasynda
öz hossarlaryò arasynda ýaly duýýarsyò.
A. Allanazarowyò eserlerinde meni aýratyn haýran
galdyran zat onuò beýan edýän wakalaryna juda beletligi.
Ynha, seniò üçin gum-gukluk bolup, tebsiräp ýatan
aòyrsy-bärsi görünmeýän Garagum çöli. Ýazyjy munuò
her bir otuna-çöpüne “dil bitirip”, belentli-pesli alaòlarynda
çölüò ähli jandarlary bilen “dil tapyºyp” ºeýle gyzykly
ertekiler dünýäsini juda beletlik bilen janlandyrýar
weli, hut ºol ýere gidip ýaºaberesiò gelýär. Ýa bolmasa
uç-gyraksyz çyrpynyp ýatan deòiz hakda edil ynsan
durmuºyny beýan edýän ýaly, bir topar wakalaryò
içine girip, tebigatyò döreden ähli täsinlikleriniò biri-biri bilen aýrylmaz baglanyºyklydygyny hut deòiz
durmuºynda okyjynyò dünýäsini agdar-düòder edip
beýan edýär.
Gözýetimi giò ýazyjynyò proza eserlerini redaktor
hökmünde okamadyk bolanlygymda, onuò maòa ºeýle
ýakyn, ºeýle mähriban bolup galan gahrymanlaryny
hiç-haçan görmezdim. ªu gahrymanlar meniò üçin iò
ýakyn adamlar bolup galdylar.
Türkmen ojagynyò mukaddesligi, türkmen ojagyndaky
mährem gatnaºyk inçeden yzarlanyp, her bir gahryman
öz hereketi bilen, ruhy bilen okyjyny terbiýeleýär.
592
Çeper edebiýatyò esasy borjy bolsa, meger, ºu bolsa
gerek.
A. Allanazarowa çagalaryò bagtyna dörän ºahyr
hökmünde-de uly hormat goýulýar. Sebäbi onuò çagalar hakdaky goºgularynyò köpüsinde ºol bir dogumlyja, bilesigeliji, batyrgaýja, kiçijikligine garamazdan
ºeýle namysjaò bir mähriban oglanjyk öz görüm-göreldesi
bilen, mähremligi bilen, öz deò-duºlaryna göreldesi bilen
okyjylaryò arasynda terbiýe mekdebini geçip ýör. Ol
durmuºyò, tebigatyò ähli ajaýyplyklaryny, ähli syrlaryny özüçe görýär, özüçe ºekillendirýär, özüçe açyp
berýär. Watana söýgüsini beýan edende biziò Türkmenistan Watanymyzdan baºga ýerde ºeýle ajaýyp
ýurduò dünýäò hiç ýerinde ýokdugyna, munuò ene-ata
ýaly ýeke-täkdigine, hiç zat bilen çalºyp bolmajakdygyna diòe bir ynanmag-a däl, bu mähriban Watan
seniò kalbyòda öòküdenem has beýgelýär.
Dogrudanam, çagalar hakdaky gowy goºgularyò diòe
bir çagalara gowy täsir etmän, uly adamlary hem
biparh goýmaýandygyny Agageldiniò goºgularynyò
mysalynda görmek bolýar. Çünki goºgularyò umumy
ruhy sagdyn hem arassa, edil türkmeniò özi ýaly
sähraýy hem mähirli. ªol bir wagtda-da islendik halkyò
okyjylaryny oýlandyryp, haýran galdyryp biljek derejede.
Meniò Agageldiniò ýazyjylyk bagtyna gözüm gidýär.
Ol döredijilik babatda gürrüò edende, aòyrsy daºgynly
derýa deýin, deòiz deýin joºup, daºyp, özünden çykmasy bar.
593
Agageldi Allanazarowyò döredijiligi bilen ýakyndan tanºyp, men hakyky zehine ak patanyò aòyrdan
berlendigine göz ýetirdim. Sebäbi hakdan halatly bolmasaò döredijilikde beýle mynasybetli dünýäni döretmek aòsat däl.
Ýanýoldaºym ºahyr Atamyrat Atabaýewiò “Agageldi edebiýatyò üstüne asmandan indi...” diýen, gepiniò
degiºme däl-de hakykylygyna hem men Agageldiniò
eserlerini redaktor bolup okanymdan soò onuò hakykatdanam ºeýledigine göz ýetirdim.
BIBI ORAZDURDYÝEWA,
ºahyr. Redaktor.
15.12.2008 ý. Aºgabat.
594
AWTOR BARADA KELAM AGYZ
Agageldi Allanazarow 1948-nji ýylda Tagtabazar
etrabynyò Marçak obasynda dünýä inýär. Ol 8-nji
synpy gutaryp, Marynyò mugallymçylyk mekdebinde
okuwyny dowam etdirýär. Bir ýyl Mary ºäherindäki 6njy orta mekdepde baºlangyç synp mugallymy bolup
iºleýär.
1969-1971-nji ýyllar aralygynda ol desantçy goºun
bölüminde gulluk edýär. Harby gullukdan soò, Moskwanyò M.Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna okuwa
girýär we ony tamamlap, 1976-njy ýylda Aºgabada
gelip, «Türkmenistan» neºirýatynda redaktor bolup iºe
baºlaýar.
Ýedi ýyl bir egne ºu neºirýatda redaktorlyk edýär.
1983-1988-nji ýyllar aralygynda Agageldi Allanazarow Türkmenistan Ýazyjylar birleºmesiniò Çeper edebiýaty ýaýradyjy ederasynyò baºlygy bolup iºleýär.
1998-nji ýylyò maýynda ol Baº redaktor bolup öòki
iºlän Türkmenistan“ neºirýatyna dolanyp gelýär. 1992nji ýylda ol Türkmenistanyò Ministrler Kabinetiniò
ýanyndaky neºir iºleri boýunça Komitetiò baºlygynyò
orunbasarlygyna bellenilýär. 1995-nji ýyldan 2001-nji
ýyla çenli «Türkmenistan» neºirýatynyò baºlygy bolup
595
iºleýär. 2001-nji ýylda Türkmen döwlet kitap palatasynyò baºlyklygyna bellenilýär.
2004-nji ýyldan bäri ol Türkmen döwlet neºirýat
gullugynyò neºir iºleri bölüminiò baºlygynyò iºini, Kitap palatasynyò iºleri bilen utgaºdyryp alyp barýar.
Agageldi Allanazarow döredijilik iºine mekdepde
okaýan ýyllarynda baºlaýar. 1964-nji ýylda onuò ,,Ussanyò jogaby” àtly goºgusy we ,,Lageriò sährasy” àtly
hekaýasy ,,Ìydam taýýar” gazetiniò ºol bir sanynda
çap edilýär. Ìaryda okan ýyllary onuò goºgulary
metbugat sahypalarynda ýygy-ýygydan peýda bolup
ugraýar. Agageldini Moskwanyò Edebiýat institutyna
getiren hem onuò ºol eser ýazmak arzuwy bolýar.
Institutyò soòky kursunda okap ýörkä Aºgabatda
onuò ,,Günüò öýi”, Ìîskwada ,,Çal, tüýdügim” àtly
çagalara niýetlän kitapçalary bir ýylda çap edilýär.
Häzir Agageldi Allanazarow ,,À” ýazýan”, ,,Àt
gaýraty”, ,,Üç murtlak kapitan”, ,,Ertekiler”, ,,ªadyýan
harplyk”, ,,ªol bir gezek uçan it”, ,,Çölüò deòiz günleri”
ýaly çagalara niýetlenilip döredilen, ºeýle hem ,,Ýedi
däne”, ,,Iner ýüki”, ,,Çat açan menzil”, ,,Söýgi pursatlary”, ,,Ýoldan gelen hat”, ,,Gyratyò howalasy”, ,,Êàlbyma we alysa syýahat”, ,,Îjak” ýaly türkmen dilinde
neºir edilen 30-a golaý kyssadyr goºgular kitaplarynyò
awtory. Onuò eserleri dünýä halklarynyò hem ençemesiniò dilinde neºir edildi.
Agageldi Àllanazarowyò ,,Ýedi däne”, ,,Çat açan
menzil”, powestleriniò esasynda iki sany çeper film
döredildi. Onuò ,,Òilkiniò doglan güni,, pýesasy teatrlaryò ençemesinde goýuldy.
596
Mazmuny
POWESTLER
Kalbyma syýahat ................................................................................................................ 4
Çölüò deòiz güòleri ................................................................................................... 203
NOWELLALAR
Gaýgysyz Atabaýewiò ogullary ................................................................. 255
Reksiò ýalagy ................................................................................................................ 259
Telwas ºapagy ............................................................................................................... 278
Prometeý ..................................................................................................................................291
HEKAÝATLAR
Baýdak ...................................................................................................................................... 300
Iò oòat oba .......................................................................................................................... 302
Kapitan ...................................................................................................................................... 303
ªahyr ............................................................................................................................................ 306
Güýçli ..........................................................................................................................................310
Gija galyp gelen oglan ........................................................................................... 313
Ilkinji bäºlik ........................................................................................................................ 318
ERTEKILER
Mähekdaº .................................................................................................................................323
Altyn jaòjagaz .................................................................................................................. 325
Tilkiniò ýüz birinji sapalagy .......................................................................... 327
Ýüzüni nurana-da gördüm-le ............................................................................ 329
Hadysa ....................................................................................................................................... 330
597
ÝAZYJY AGAGELDI ALLANAZAROWYÒ DÖREDIJILIK
DÜNÝÄSINDEN SÖHBET AÇÝAN MAKALALAR, SYNLAR,
GOªGULAR .................................................................................................................................... 334
ÝAZYJY AGAGELDI ALLANAZAROWA BAGYªLANYP
ÝAZYLAN ªYGYRLAR
Arça .............................................................................................................................................. 527
Çölüò deòiz günleri ............................................................................................. 529
Agageldi Allanazarowyò “Kalbyma hem alyslara syýahat”
kitabyny okap ................................................................................................................... 530
Agageldi Allanazarowyò 60 ýaºy mynasybetli gutlag
goºgusy ....................................................................................................................................... 532
ªahyr hem ýazyjy dostum Agageldi Allanazarowa . 534
“A” nähili ýazylýar? ............................................................................................. 536
Agageldi Allanazarowa ........................................................................................... 537
60 ýaºly “A” ýazýan oglanjyk ......................................................................538
Agageldi sahyr ................................................................................................................ 540
Ömrümiziò bahary ...................................................................................................... 542
Agageldi akgamyò! ..................................................................................................... 544
Agamyò ogly .................................................................................................................... 546
PÝESA
Iner ýüki ................................................................................................................................ 549
Redaktordan ........................................................................................................................ 590
Awtor barada kelam agyz .................................................................................. 595
598
Agageldi Allanazarow
KALBYMA SYÝAHAT
Powestler, nowellalar, ertekiler, bagyºlama
makalalar, goºgular...
Redaktor: B. Orazdurdyýewa
Dizaýn: T. Aslanowa
Ýygnamaga berildi: 12. 09. 2006 ý.
Çap etmäge rugsat edildi: 18. 11. 2008 ý.
Möçberi 60x84 1/16. Çap listi 37,5.

Benzer belgeler