söýgı hyjuwyny oýandyrýan serışdeler

Transkript

söýgı hyjuwyny oýandyrýan serışdeler
SÖÝGI HYJUWYNY OÝANDYRÝAN SERIŞDELER: AFRODIZIAKLAR
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 17 Dekabr 2012 03:00
Adamyň iýýip-içýän zatlarynyň onuň durmuşyna, saglygyna gönüden-göni täsir edýändigi
ählimize belli hakykat. Bu, elbetde, jyns gatnaşyklaryna hem degişlidir.
Adamlar ertirden agşama çenli iş bilen meşgullanyp, gije diňe süýji uky barada arzuw
edýärler. Jyns gatnaşyklaryna bolan höwes peselmek bilen bolýar, ýadawlyk, dartgynlyk höküm
sürüp başlaýar. Şeýle ýagdaýlarda afrodiziaklar kömege gelýär. Ösen ýurtlarda adamlaryň jyns
gowşaklygyna garşy ulanylýan serişdelere köp pul harçlanylýar. Mysal üçin, Germaniýada
seksual biperwaýlylyk bilen göreşe 17 million marka sarp edildi. Amerikada bolsa ilata
afrodiziaklary satyn almak üçin, ýylyň dowamynda 300 müň resept ýazylyp berildi.
Afrodiziaklar näme?
Afrodiziak sözi gadymy ýunan (grek) mifologiýasynda söýgi hudaýy hasaplanan Afroditanyň
ady bilen baglanyşykly. Afrodiziaklar söýgi hyjuwyny oýandyrýan serişdeler. Olar erkek bilen
aýalyň bir-birine bolan islegini artdyrýar, duýgulary üýtgeşik ýakymly edýär. Afrodiziak
hasaplanylýan önümler we dürli serişdeler eýýäm gadym döwürlerde belli bolupdyr. Gündogar
ýurtlarynda hoşboý, ýakymly ysly garyndylar söýgi hyjuwyny oýandyrýan serişde
hasaplanypdyr. Dünýäde ady belli bolan italiýaly Jakomo Kazanowa aýal maşgalany özüne
maýyl etmekde öňüne adam geçirmändir. Ol üýtgeşik tagamlary iýmegi halaýan eken. Şeýle
tagamlarda bolsa jyns gatnaşyklaryna höwes döredýän demir, sink ýaly maddalar kändir. Afrodiziaklar iýmit gymmatlygy bilen tapawutlanýar. Olar witaminlere we mikroelementlere
baýlygy bilen beýleki önümlerden tapawutlanýar. Witaminler we mikroelementler bolsa öz
gezeginde madda çalşygynyň sazlaşykly işlemegine, jyns gatnaşyklara bolan islegiň we
mümkinçilikleriň dikeldilmegine ýardam berýär.
Afrodiziaklaryň käbiriniň düzüminde adamyň jyns gormonlaryna meňzeş fermentler we şol
gormonlaryň bedende bölünip çykmagyna itergi berýän maddalar bolýar. Adamyň jyns
agzalarynyň gan üpjünçiligini gowulandyrýan we jyns agzalarynyň duýgurlygyny ýokarlandyrýan
afrodiziaklar hem bar.
1/5
SÖÝGI HYJUWYNY OÝANDYRÝAN SERIŞDELER: AFRODIZIAKLAR
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 17 Dekabr 2012 03:00
Tebigy afrodiziaklar gipofize täsir edip, endorfinleriň (keýp beriji gormonlar) emele gelmegine
sebäp bolýarlar. Hut endorfinler adamyň jyns gatnaşyklaryna bolan höwesini artdyrýarlar, erotiki
fantaziýanyň emele gelmegini üpjün edýärler, duýgularyň has näzik bolmagyna itergi berýärler.
Şeýle hem, endorfinler ýygra, utanjaň adamlaryň has açyk we alçak bolmagyna kömek edýärler.
Söýgi hyjuwynyň nämedigini unudyp barýan erkeklere we aýallara endorfin örän möhümdir.
Endorfinler ýaşaýyş-durmuş işjeňligini ýokarlandyrýarlar we bedenimizi toksinlerden (zäherli
maddalardan) saplaýarlar. Iýmitdäki afrodiziaklar
Iýmitiň düzümindäki afrodiziaklar, dogrudan-da, jyns gatnaşyklaryna bolan islegi artdyrýarlar.
Ýöne olary çen-çak bilim iýmelidigini unutmaň. Afrodiziaklar bedene aşa köp düşende,
peýdasyndan zyýany köpdür: birek-birege bolan islegiň deregine başagaý edýän içagyry ýa-da
kellagyry ýaly alamatlar ýüze çykýar, siziň arzuwlan söýgi gijäňizi puja çykýar. Käte afrodiziaklar
ukyňy hem tutdurýar. Şol sebäpli hem taýýarlajak naharyňyza söýgi hyjuwyny oýandyrýan
önümleri goşanyňyzda, oýlanyşykly we seresap çemeleşiň.
Afrodiziak önümleri Şibit, tmin, reýhan, gara we gyzyl burç, seldereý, dalçyn (korisa), kardamon, bazilik, anis,
zenjebil (imbir), muskat, surepka, fenhel, hren, sarymsak, sogan ýaly hoşboý ysly ösümlikler iň
güýçli afrodiziaklaryň hataryna girýär. Hytaý kedr agajynyň hozy "Söýgi maňzy"
diýlip atlandyrylýar. Olaryň jyns gatnaşyklaryna bolan höwesi artdyrmak häsiýeti örän güýçli
hasaplanylýar.
Deňiz önümleri öz ýokumlylygy we söýgi oýandyryjylygy boýunça ikinji ýerde durýar.
Leňňeçler, ustrisalar, midiýalar we krewetkalar gör nähili süýji! Olar diňe iýip-içmäge bolan
höwesi döretmän, birek-birege ýakynlaşmaga bolan islegi oýandyrýarlar.
Deňiz önümleri bilen bir hatarda dürli kömelekleri hem goýmak bolar (esasanam domalan
(trýufel) we smorçýok). Tagamly edip taýýarlanan kömelekden iýmek gör nähili lezzetli! Esasy
zat- bu ýerde hem çenden aşa köp iýmezligi unutmaň!
2/5
SÖÝGI HYJUWYNY OÝANDYRÝAN SERIŞDELER: AFRODIZIAKLAR
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 17 Dekabr 2012 03:00
Awokado, banan, mango, hurma, marakuýýa, gawun, ýertudana ýaly ir-iýmişler we gök
önümler iň howpsuz we täsirli afrodiziaklardyr.
Wanilin hem söýgi hyjuwyny oýandyryjy häsiýeti bar. Ol beýnimiziň dartgynlygyny gowşadýar
we netijede adam arkaýynlaşýar, ony ýakymly duýgular gurşap başlaýar, söýgi oýanýar.
Örän peýdaly hasaplanylýan we giňden ulanylýan zeýtun ýagy-da afrodiziak hökmünde
ulanylýar. Gadymy Gresiýada adamlar ertirlerine bir owurt zeýtun ýagyny içip, günüň
dowamynda sagdyn durkuny, ýokary işjeňligini saklamagy başarypdyrlar.
Ženşeniň köki iň güýçli afrodiziak hasaplanýar. Ol öz meşhurlygyny 5 müň ýylyň dowamynda
saklap gelýär. Aziýanyň ýaşaýjylary (esasanam, hytaýlylar we koreýalylar) günde ženşeniň
köküni çeýneýärler. Olar ýaş we sagdyn durkuny, jyns gatnaşyklaryna bolan hyjuwyny uzak
wagtyň dowamynda ýitirmeýärler.
Hindistanlylar ženşeniň ýaşlara we garrylara "öküziň güýjüni" berýändigine
şübhelenmeýärler. Düzüminde ženşeniň köki bolan serişdeler bütin bedeniň işjeňligini
ýokarlandyrýar, söýgi hyjuwyny, oňa bolan höwesi artdyrýar. Ženşen aýallara we erkeklere deň
derejede peýdalydyr.
Ajy ýowşan hem örän täsirli afrodiziak hasaplanýar. Gadym döwürlerden bäri ony ýörite söýgi
içgisini taýýarlamak üçin ulanypdyrlar.
Gadymy Gresiýada är-aýalyň ýatýan çarpaýasynyň aşagynda ajy ýowşan salnan gaby goýar
ekenler. Olaryň pikirine görä, ýowşan jyns gatnaşygyna oňaýly täsir edipdir.
Afrodiziaklar barada söz açylanda, ary baly barada aýtman bolmaz. Ol söýgi hyjuwyny
oýandyrýan iň güýçli önümdir. Ary balynyň kuwwat beriji häsiýeti hem ählimize bellidir. Oňa
pisse ýa-da grek hozy garylyp iýilse, adamyň bedeni kuwwatlanýar, onuň iň ajaýyp duýgulary
oýanmak bilen bolýar, söýgi hyjuwy artýar.
3/5
SÖÝGI HYJUWYNY OÝANDYRÝAN SERIŞDELER: AFRODIZIAKLAR
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 17 Dekabr 2012 03:00
Hindistanda we Hytaýda gadym döwürlerden häzirki günlerimize çenli mindal (badam
agajynyň maňzy) afrodiziak hökmünde giňden ulanylýar. Ol jyns gatnaşyklaryna bolan höwesi
uzak wagtyň dowamynda ýokary derejede saklaýar.
Ajy gara şokolady halaýanlar onuň hem afrodiziakdygyny bilýärlermikä? Onuň ýany bilen
gyzgyn, ýakymly ysly korisa garylan kofe içseňiz, siziň söwer ýaryňyza bolan duýgularyňyz sizi
şol bada bütinleý gurşap alar. Efir ýaglar hem afrodiziaklar hökmünde ulanylýar. Olary çen bilen üç topara bölmek bolar:
1. Rahatlandyryjy we dartgynlygy aradan aýyrýan efir ýaglar (bägül, neroli, muskat şalfeýi)
2. Ýadawlygy ýeňmäge kömek edip, hyjuw döredýän efir ýaglary (gara burç, kardamon)
3. Gormonal taýdan täsir edip biljek efir ýaglar (žasmin, sandal). Otagyň içine efir ýaglaryň ysyny ýaýratmak üçin ýörite aromaçyralar ulanylýar.
Ýorgan-düşege efir ýagynyň birnäçe damjasyny damdyrsaňyz, onuň ýakymly ysy söýgi
hyjuwyny oýandyrar, sizi birek-birege ýakynlaşdyrar.
Efir ýagy garylan wannada biraz dynç alyp ýa-da bedeniňizi efir ýagy bilen owkalatsaňyz hem
ýanýoldaşyňyzyň size bolan islegi artar.
Siz haýsy afrodiziagy saýlasaňyz-da, onuň ter we möhleti geçmedik bolmagyna üns
bermelisiňiz. Doňdurylyp, soňra eredilen serişdelerden peýdalanmagyň hajaty ýok.
4/5
SÖÝGI HYJUWYNY OÝANDYRÝAN SERIŞDELER: AFRODIZIAKLAR
Ýazan: Lukman
Duşenbe, 17 Dekabr 2012 03:00
Eger-de siz afrodiziaklaryň iň gowularyndan we iň terlerinden saýlap alsaňyz, olary uly söýgi
we isleg bilen taýýarlasaňyz, söýgi gijesi ýatdan çykmajak gijeleriň birine öwrüler.
Ulanyan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3
5/5

Benzer belgeler

howplumy ia-da howpsuz?

howplumy ia-da howpsuz? bedenine ýetirýän täsirleriniň ählisini göz öňünde tutmak mümkin däl. Täze maglumatlar bolsa biziň ol ýa-da beýleki garynda bolan garaýşymyzy üýtgedip biler. Howsala düşmegiň hajaty ýok. Garyndylar...

Detaylı

ganazlylyk - Saglyk.info

ganazlylyk - Saglyk.info gollanmalara laýyklykda, göwreliligiň 12 hepdelik möhletine çenli günde 60mg. demriň

Detaylı