Referat işi

Transkript

Referat işi
ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ÝoKARY WE ÝÖRITE
ORTA BILIM MINISTRLIGI
BERDAK ADYNDAKY GARAGALPAK DOWLET
UNIWERSITETI
GARAGALPAK FILOLOGIYaSY FAKULTETI
TURKI FILOLOGIYa KAFEDRASY
4-kurs talyby Аrazowa Guljahanyň «Karimbaý Kurambaewiň ylmy
barlaglary we turkmen-garagalpak edebi gatnaşyklarynyň käbir
meseleleri» mowzugyndaky
Referat işi
NOKUS - 2014
1
Mowzuk: Karimbaý Kurambaewiň ylmy barlaglary we türkmengaragalpak edebi gatnaşyklarynyň käbir meseleleri
Meyilnama:
Giriş.
K.Kurambaýewiň ylmy we monografik işlerinde türkmen-garagalpak
edebi baglanyşyklarynyň öwrenilişi
Netije.
Peydalanylan edebiyatlar.
2
Giriş.
Çeper edebiýatyň sagdyn ösüşi, onuň ideýa-mazmunynyň güýçlüligi,
estetik-emotsional tasirinin yitiligi şol edebiýaty öwrenýän, oňa baxa berýän
ylmyň we tankydyň işjeňligine köp derejede bagly. Çeper edebiýat we edebi
tankyt biri-birine garşy durýan düşünjeler däl. Eýsem-de bolsa olar biribirini kepillendiryan, biri-birine goltgy berýän düşünjeler bolmak bilen
birlikde, aýratyn alnan xalkyň edebiýatynyň umumy garmoniki ösüş
protsesini amala aşyrýar. Olaryň ikisi xem okyjynyň dünýäni, ýaşaýşyň
belli-belli etaplaryny, xalkyň taryxyny we şu gününi çeperçilik babatlarda
özleşdirmegine, tebigatyň syrlaryna aralaşmagyna, durmuşyň nusgalyk
faktlary esasynda terbiýelenmegine giň ýol açýar. Şonuň içinde żemgyýetlik
dumuşa, medeniýete we sungata xem-de ruxy dünýämiziň azygy bolan
edebiýata täze döwrüň real-demokratik gözgaraýyşyndan nazar taşlap,
degişli ylmy derňew etmek wezipesini ýükledi.
Ine, şeýle edebiýata ýüklenen wezipeleriň içinde edebiýatşynaslyk
ylmynda
edebi gatnaşyklar
meselelerini giňişleýin
öwrenmek
edebiýatşynaslyk üçin gazanylan netiżäni berip biler. Edil ýazyżyşaxyrlaryň durmuşyň köp taraplaryny öz eserleriniň obýektine öwürişleri
zeyilli turkmen edebiyatyny owrenijiler xem umumy edebiyata daxylly
enceme meselani yaşaýşyň özi bilen utgaşykly usulda orta atyp geldi. Şunda
ol ya beyleki yazyjy-şaxyrlaryň döredijiligindäki esasy özboluşly alamatlar,
şaxyrlaryň özara edebi täsirleri meselesi-de onuň nazaryndan düşüp
galmady. Şeýlelikde edebiýatşynaslyk ylmynda xer bir edebiyatcy
edebiýatyň xer dürli ugurlaryny barlag etmek bilen ylym meýdanyna gadam
basýar. Şeýle edebiýatşynas alym Kerimbaý Kurambaýew xem
edebiýatşynaslyk ylmynyň meýdanyna xalklar arasyndaky dost-doganlygy,
edebi aragatnaşyk meselelerini öwrenmek bilen edebiýatlaryň arasyndaky
edebi täsiri, edebi tipologik meňzeşligi, stadial-analogiyany ylmy esasda
esalandyryp bilmegi başardy. Ol türkmen, özbek, garagalpak xalklarynyň
edebiyatyny biri-biri bilen deňeşdirmek arkaly olaryň arasyndaky edebi
tasiri monografik xalda açyp berdi. Şeýle xem alym edebi aragatnaşyk
meselesine ymykly aralaşmaga, çeper edebiýatyň bitewi milli we
internatsional ruxuny yuze cykarmaga xem-de döredijilik tejribäniň ençeme
beýleki meselelerine düýpli nazar aýlamaga synanyşdy
Referat işimiziň öňüne goýan maksat we wezipesi-de turkmengaragalpak edebi aragatnaşyk meselesini öwrenen, XX asyrda
edebiýatşynaslyk ylmynda özuni edebiýatçy, alym xökmünde tanadan
K.kurambaýewiň edebiýatşynaslyk ylmynda alyp baran işlerini anyklamagy,
onuň ylmy barlaglarynyň ideýa-tematikasy, esasy ýönelişi barada barlag
alyp barmakdan ybarat. Onuň üçin biz aşakdaky ýaly wezipeleri ýerine
ýetirmekligi öňümize maksat edip goýduk we oňa amal etdik:
3
- türkmen we garagalpak edebi gatnaşyklarynyň taryxy köklerini
anyklmakda professor K.Kurambaýewiň ylmy barlaglarynyň äxmiýetini
owrenmek:
- Türkmen we garagalpak edebiýatşynaslygynda K.Kurambaýewiň
ylmy işlerini anyklamak:
Şeýlelikde, biziň öwrenýän obektimiz K.Kurambaýewiň türkmen we
garagalpak edebi gatnaşyklary boýunça alyp baran ylmy işleri we onuň
turkmen-garagalpak edebiýatşynaslygyndaky äxmiýeti
babatynda söz
ederis. Onuň sap türkmen edebýaty we onuň beýleki edebiýatlar bilen
baglanşykly ýazan makalalary geçen asyryň 60-njy yyllaryndan barligine
turkmen metbugatynda hem hali-bu güne çenli neşir edilip gelinýär. Onuň
Keminäniň lirikasy, türkmen ýazyjylary Berdi Kerbabaýewiň, Hydyr
Derýaýewiň, Reýimbaý Sabyrowyň umumy döredijiligi, türkmen
edebiýatynyň taryhynyň köptomlugy we umuman, edebi gatnaşyklaryň durli
döwürlerdäki ýagdaýlary bilen bagly ýazan makalalary Türkmenistanyň
“Edebiyat we sungat”, “Mugallymlar gazeti”, “Turkmen sesi” (Turkmen
dünýäsi), “Daşoguz habarlary”/, “Aşgabat agşamy”, “Türkmen edebiýaty”,
“Türkmen dili we edebiýaty”, “Garagum”, “Aşgabat”/rus dilinde/” TRYAnyň Habarlary” (jemgyýetçilik ylymlary seriýasy) ýaly gazetlerde we
zurnallarda durli yyllarda cap bolup, halka yetirildi.
Emma türkmen edebiýatynyň beýik wekili Magtymgulynyň döredijiligi
we onuň beýleki bir halkyň şahyrlaryna eden oňaýly täsirleri,
Magtymgulynyň özbek hem garagalpak topragyndaky meşhurlygy hem-de
şeýle meşhurlygyň sebäpleri kimin meseleler bu zehinli edebiýatçyny köp
wagtdan bäri dowamly gyzyklandyryp gelýär. Edebiýatçynyň “Gadymy
golaylyk” (“Edebiyat we sungat”, 1965 / ýene şol gazetde “Doganlyk
gatnaşyklardan sahypalar” (1966), “Magtymguly we özbek edebiýaty”
(Daşoguzda özbek dilinde çykan “Pahtakor” gazeti, 1968) ýaly makalalarynda
Magtymgulynyň diňe bir özbek edebiýatyna däl, eýsem sungatyna hem
özüniň güýçli täsirini ýetirendigi köp sanly anyk maglumatlaryň esasynda
seljerilýär. Soňra ol “Türkmen halkynyň uly şahyry”, “Türkmen edebiýatynyň
atasy” yaly duypli makalalaryny metbugat arkaly ozbek okyjylaryna
hödürledi. Alym “Edebiýatlaryň özara täsiri we hudožnigiň özboluşlylygy”
diýen temada taýýarlan kandidatlyk dissertasiýasynyň (1972), “Özbektürkmen edebi gatnaşyklary” (1978) diýen kitabynyň ýörite bölümlerini
Magtymgulynyň döredijiligi we özbek edebiýatynyň mynasybetine
bagyşlady.
Gitdigiçe bu ugur onuň ylmy-barlaglarynyň ullakan bir ugruny emele
getirdi. Ynha, bu dünýämiziň delilleri: “Fan”neşirýaty 1984-nji yylda
“Magtymguly şygyrýeti Özbegistanda” diýen saldamly kitapçasyny çap etdi.
Onda Özbegistanyň Fazyl Ýoldaş, Ergeş Jumanbulbul, Yslam Nazar ogly
yaly halk şahyrlarynyň Magtymgulyny özleriniň halypasy saýýandyklary,
olaryň türkmen şahyryndan köp zatlary öwrenendikleri tekrarlanyp
görkezilýär, özbek şahyrlary Mirtemiri, Maksud Şyhzadäniň Magtymgula
4
bagyşlap ýazan goşgularynyň çeperçiligi yzarlanylýar.Belli yazyjy, adygan
terjimeçi Jumanyýaz Şeripowyň Magtymgulynyň goşgularynda eden
terjimeleriniň hili her taraply gözden geçirilýär.”Köňül bermiş sözümge”
(özbek dilinde,1992), “Edebiýatlaryň özara baglanyşmagy”/ rus dilinde, 1993
/diyen kitaplarynda hem Magtymgulynyň özbek edebiýaty bilen
baglanşyklary ep-esli sahypalary eyeleyar.
Şeýle xem türkmen alymy A.Mämmedow “Üç edebiýatyň xyzmatynda”
(Garagum żurnaly, 1999, 155-sax.) ylmy makalasynda K.Kurambaýewiň
özbek, türkmen, garagalpak edebi gatnaşyklaryny öwrenmeklaki
xyzmatalaryny oňat baxalaýar. Makalada A.Mämmedow alymyň ömür
beýany, bilim alan ýerleri, özleriniň tanyşlygy ýaly meseleler babatda-da
maglumatlary getiryar.
5
K.Kurambaýewiň ylmy we monografik işlerinde türkmengaragalpak edebi baglanyşyklarynyň öwrenilişi
Belli alym K.Kurambaýew özüniň “Kewil-kewilden suw işer...” (Nökis,
“Bilim”, 1991) atly monografik işinde türkmen we garagalpak edebi
gatnaşyklarynyň taryxy köklerini giňişleýin öwrenipdir. Bu monografiýada
turkmen-garagalpak edebi gatnaşyklaryny owrenmekde esasy uc ugur
saýlanylyp alynypdyr. Olaryň birinżi baby “Edebi baglanşyklarymyzyň
taryxyna bir nazar” diyip atlandyrylyp, onda turkmen-garagalpak xalklarynyň
taryxy kökleri, olaryň ata-baba syyasy-medeni gatnaşyklary, edebiýatlardaky
meňzeşlikler we başga-da birnace meseleler barlag edilyar.
Ikinżi bap “Magtymguly we garagalpak şaxyrlary” diýip atlandyrylyp,
Magtymgulynyň edebi däpleriniň XX asyr garagalpak şaxyrlary
A.Muwsaýewiň, A.Dawbylowyň, S.Nurymbetowyň xem-de xazirki
garagalpak şaxyrlarynyň dörediżiligi bilen Magtymgulynyň eserleriniň özara
meňzeşlikleri giňişleýin açyp berilýär.
Üçünżi bap “Edebi gatnaşyklarymyz täze basgançakda” diýip atlandyryp,
onda Y.Ýusupowyň we başga-da garagalpak şaxyrlarynyň dörediżiliginde
turkmen temasynyň işlenişi meselesi, Şeýle xem Magtymgulynyň eserleriniň
garagalpak dilien terżime edilmegi, Berdagyň şygyrlarynyň türkmen diline
terżime edilmegi ýaly meseleler ylmy esasda barlag edilip, awtor oňa özüniň
gözgaraýyşlaryny bildirýär.
Alymyň belleýşi ýaly “Turkmen-garagalpak edebi gatnaşyklarynyň
taryhy hakynda pikir ýöredilende, ilki bilen beýik şahyr hezreti
Magtymgulynyň eserlerinden başlamalydyr. Çünki onsuz mümkin däl. Beýik
şahyryň gumanistik ideýalar bilen ýagurylan setirleri, öwüt-nesihat motiwleri
bilen dolup-daşyp duran şygyrlary, döwrüň sotsial meselelerini mertlik bilen
göterip çykan poetik mirasy indi köp asyrlardan bäri garagalpak şahyrlarynyň
ünsüni özüne çekip gelýär. Berdak, Günhoża, Ażiniýaz, Öteş ýaly garagalpak
klassyk şahyrlary Magtymgulyny özlerine halypa hasaplap, onuň
dörediżiligine uly hormat goýup, şahyryň eserlerindäki progressiw
ideyalaryny oz zamanalaryna layyklykda osduripdirler”1.
Magtymgulynyň dörediżiligine aýratyn yhlas goýap, onuň däplerini
dowam etdirip gelen şahyrlaryň biri-de Berdakdyr. Berdagyň uly şahyr bolup
ýetişmeginde Gündogar klassykleri bilen bir hatarda Magtymgulynyň hem
dörediżiliginiň täsiriniň uly bolandygyny görýäris. Muny Berdak şahyryň özide şygyrlarynda belläp geçipdir. Ol özüniň «Yzlardym men» atly şygyrynda
Magtymgula bolan çäksiz hormatyny aşakdaky ýaly aýdyp geçýär:
Magtymgulyny okanda,
Aydardym men her zamanda,
«Yalan barmy begler onda?»
Sozun togap ederdim men.1
1
1
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 10-нжы сах.
Berdak. Taňlamaly şyғarmalar. Nokis, 1986 yyl, 116 sah.
6
Berdagyň dörediżiligine Magtymgulynyň şygyrlarynyň täsiri örän
uludyr. Munuň esasy sebäbi Magtymgulynyň şygyrlarynyň halkylygy,
ýönekeý hem halka düşnükliligi bolmagydyr. Şeýle-de şahyryň
dorediżiliginiň Berdagyň dörediżilik printsiplerine ýakynlygyndadyr. Şonuň
üçin hem Berdak köplenç Magtymgulynyň edebi mekdebine eýerip şygyrlar
doredipdir.
Magtymgulynyň edebi mirasynda «Görüner» redifli bir şygyr bar. Bu
şygyrda şahyr zamanasynyň begleri tarapyndan żebir-żepa çeken halkyň
derdini kagyza düşürýär:
Žebir görüp, ýanan żanlar,
Care tapmayan dermanlar,
Dunyade cohdur ummanlar,
Dort sany umman goruner.
Serine duman burenen,
Gözýaşy erde sürenen,
Mähirli daşdan görünen,
Daglarda duman goruner.1
«Berdagyň hem jemgyýetden närazy bolup ýazan şygyrlarynyň arasynda
Magtymgulynyň şygry bilen meňzeş gelýän «Göründi» sözi redif edilip
alynan uly bir şygyr bar. Bu erde gürrüň redifleriň meňzeşliginde däl-de,
eýsem, iň ähimietlisi şygyrlaryň mazmun boýança bir-birlerine meňzeşligi
ünsüňi tartýar. Ine, şu şygryň käbir bentlerini Magtymgulynyňky bilen
deňeşdirip göreliň»2 diyip alym olary mysal getiryar.
Adamғa miýrimsiz żälladlar, żaўlar,
Halykty żylatқan atalyқ-hanlar,
Basқa aўyr қaygy salғan zalymlar,
Közlerime şaýan-żylan körindi..1
Bu şygyrda şahyryň ýaşan zamanasynyň ýüzi öz şöhlelenişini tapypdyr.
Onuň Magtymgulynyň şygryndan tapawutly tarapy, Berdagyň satirasynyň ýiti
uży konkret adamlara garadylan bolup, şol döwrüň han-beglerini żemgyeti
bozyżylar diýip açyk aýdýar. Egerde, Magtymgulynyň «Görüner» redifli
şygrynda zamanasyna bolan narazylyk meyilleri umumy planda aydylan
bolsa, tersine Berdak bu tema konkret gatnaşyk ýasap, belli bir ýagdaýlar
bilen beripdir. Diýmek, Berdak Magtymgulynyň temasyny özüçe işläp, täze
yol tapypdyr2.
Türkmen we garagalpak edebi gatnaşyklarynyň taryhynyň mazmunly
sahypalarynyň birini XIX asyrda ömür süren şahyr Ażiniýazyň şygyrlary
doldurýar. Bu şahyry türkmen edebiýatynyň ägirtleri bilen baglanyşdyrýan
edebi dostluk sapaklary oran kop we durli-dürlidir. Ażiniýazyň Xywa we
1
Magtymguly. Saylanan eserler.2.tom. Aşgabat 1983 yyl, 188 sah.
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 14-нжы сах.
1
Berdak. Taňlamaly şyғarmalar. Nokis, 1986 yyl, 61 sah.
2
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 14-нжы сах.
2
7
Buhara medreselerinde bilim almagy, ol erdäki halklaryň durmuşy bilen
ýakyndan tanyş bolmagy, şeýle hem gören-eşidenlerin kagyza geçirip
şygyrlar ýazmagy, türkmen şahyrlarynyň şygyrlaryny öz ene diline terżime
etmegi, iň esasysy, türkmen edebiýatynyň Andalyp, Magtymguly ýaly
ägirtleriniň däplerini öz dörediżiliginde ulanmagy Ażiniýazy türkmen
edebiýaty bilen ýakynlaşdyran esasy faktorlar bolup hasaplanýar3.
Professor
K.Kurambaýew
Ażiniýazyň
şahyr
sypatynda
galyplaşmagynda gündogar edebiýatynyň, birinżi nobatda Magtymgulynyň
şygyrlarynyň täsiriniň güýçli bolandygyny örän dogry belläp geçýär.
Ażiniýazyň poetik mirasynda Magtymguly hakyndaky şygyrlar ýek-tük. Diňe
«Nesihat» atly şygrynyň birinżi bendinde Magtymguly biwepa dünýäden
armanly giden şahyr sypatynda dile alynýar:
Söýlese şiýrindur żaҳanda tili,
Kelse şady қurram boladur eli,
Arman bilan otti ol Mahtymkuly,
Ol-ҳam name kordi, ay dun`ya sendin2
Magtymgulynyň ady Ażiniýazyň başga şygyrlarynda dile alynmasa-da
onuň bir topar goşgularynyň ýazylmagynda Magtymgulynyň täsiri anyň
duýalýar. Ażiniýazyň käbir şygyrlaryny forma taýdan-da, mazmun tayyndanda Magtymgulynyň goşgularyndan aýyrmak kyn. Biziň pikirimizçe,
Ażiniýazyň aýrym şygyrlaryny Magtymgulydan terżime diýip hasaplaýan
alymlaryň pikirleri dogrydyr. Bir şahyr ikinżi bir şahyryň şygyrlaryny öz
diline terżime edende originalyň formasyny bolşy ýaly edip saklamak şert däl.
Iň ähimietlisi, esasy nusganyň mazmunynyň saklanmagy şert. Egerde,
Ażiniýazyň Magtymgulydan terżime hasaplanyp ýörilen şygyrlarynda
türkmençe originaldan kesgin tapawutlanýan setirler, bentler duş gelse geň
galyp oturasy iş ýok. Sebäbi, Ażiniýaz Magtymgulynyň şygyrlaryny öz
diline terżime edende, şahyrdan ylhamlanyp özünden täze setirler we bentler
goşupdyr dien çaklama hakykata ýakyndyr. Pikirimizi bir şygryň terżimesiniň
mysalynda görkezmegi makul bildik. Magtymgulynyň dörediżiliginde
«Ýagşy» sözi redif formasynda gelýän birnäçe şygyrlary bar. Ażiniýaz ine şu
şygyrlaryň birnäçesinden käbir bentleri alyp terżime edipdir, netiżede şahyryň
mirasynda «żaқsy» redifli terżime-şygyr ýüze çykypdyr. Esasy üns berilmeli
eri Ażiniýaz käbir bentleri esasy nusgadaky ýaly edip terżime edipdir:
Magtymguly:
Adam bolup, adam gadryn bilmeen,
Ondan ene otlap ýören mal ýagşy.
Sozlegende, soz manysyn bilmeen,
Ondan ki bir sözläp bilmez lal ýagşy.
Ażiniýazyň warianty: Adam uly adam қadirin bilmese,
Onnan düzde otlap żürgen mal żaқsy,
Aytқan sözdiň maғanasyn bilmese,
Ol adamnan tilsiz ösken lal żaқsy.
3
2
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 38-нжы сах
Äżiniyaz. Taňlamaly şyғarmalary. Nokis, 1988, 100 sah.
8
Görşümiz ýaly bu bendiň esasy nusganyň edil özidigi, mazmunynyň
dolulygyna saklanandygyny, hatda formasynyň hem original bilen bir
hilidigini görmek bolýar. Şeýlede bolsa Ażiniýaz käbir bentleri esasy
nusgadan uzaklaşdyryp terżime edendigine hem duş gelmek bolýar. Mysal
üçin Magtymgulynyň «Mal ýagşy» dien şygrynda şeýle bent bar:
Bir biwepa yara gulup bakandan,
Şirin żany yşk oduna ýakandan,
Yat illerde mysapyrlyk cekenden,
Ursa, sokse, horlasa-da il ýagşy.3
Indi aşakda Ażiniýazyň terżimesi bilen tanşyp göreliň.
Kisiniň ýaryna külip baққannan,
Şybyn żanyň yşқy otyna żaққannan,
Öz boýyňa türli nasaқ taққannan,
Oz yaryňnyň tärbiýasyn ber żaқsy.
Giyne қylyp żurtty taslap ketkennen,
Қädirin bilmes żerde hyzmet etkennen,
Žat ellerde müsapirlik şekkennen,
Uryp-sogip қorlasada el żaқsy.4
Egerde üns beren bolsaňyz Magtymgulydaky üçünżi we dördinżi
setirleri Ażiniýaz goşgynyň soňky bendine geçirip, olaryň ýerine özünden
setirler goşupdyr. Bu goşulan setirler Magtymgulynyň şygrynyň ruhyna, iň
esasysy mazmunyna goşulyp gidipdir3.
Mundan
başga-da
K.Kurambaýew
kitabyň
şu
bölüminde
Magtymgulynyň xem-de Günxożanyň, Öteşiň dörediżiligindäki meňzeşlikler
giňden barlag edilýär we degerli ylmy netiżelere gelinýär.
Monografik işiň ikinżi «Magtymguly hem XX asyryň başyndaky
garagalpak şahyrlary” diýen bölüminde türkmen we garagalpak
edebiýatlarynyň arasyndaky arabaglanyşygy berkitmekde Aýapbergen
Musaýew, Abbaz Dabylow, Sadyk Nurymbetow ýaly halk şahyrlarynyň
hyzmatlary oran uludyr. Bu talantly şahyrlary Türkmenstan we türkmen
edebiýaty bilen ýakynlaşdyrýan faktlar örän köpdür. Türkmenler bilen obagoňşylykda ýaşan bu halk şahyrlary türkmen halkynyň diňe bir durmuş
şertleri bilen däl-de, eýsem olaryň edebiýaty we medenieti bilen hem
yakyndan tanyş bolupdyrlar. Şol sebäpli olar edebiýatlarymyzyň arasyndaky
aragatnaşyk zynżyrynyň berk bolmagy üçin hereket edipdirler1 –diyip
maglumat berilyar..
Garagalpagystanda türkmen klassyk edebiýatynyň wekilleri bolan
Magtymguly, Andalyp, Kemine we Mollanepes yaly şahyrlaryň şygyrlarynyň
giňden ýaýramagyna garagalpak halk şahyrlary özleriniň uly goşantlaryny
goşdular. Durgunlyk ýyllary wagtynda bu klassykleriň eserleri A.Musaew,
3
Magtymguly. Saýlanan eserler.1.tom. Aşgabat 1983 ýyl, 152 sah
Äżiniýaz. Taňlamaly şyғarmalary. Nokis, 1988, 97 sah.
3
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 38-нжы сах
1
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 87-нжы сах
4
9
A.Dabylow, S.Nurymbetowlaryň zähmetleri netiżesinde garagalpaklaryň
arasynda giňden ýaýraýar. Bu halk şahyrlary Magtymgulynyň goşgylaryny
halk arasyndan, kyssahanlardan, bagşylardan ýazyp alyp, ýygyndylar düzmek
bilen meşgullanypdyrlar we ol goşgulary ýatlap halk arasynda aýdypdyrlar.
Häzirki zaman garagalpak edebiýatynyň düýbüni tutużylaryň biri
Aýapbergen Musaew Magtymgulynyň dörediżiligini Garagalpagystanda
ýaýradyżylaryň biri bolup, onuň däplerini üznüksiz dowam etdiren şahyrdyr.
Durgunlyk ýyllaryndan öň köp adamlaryň Magtymgulynyň goşgularyny
A.Musaewden owrenenligini arhiw materiallary habar beryar2.
Işde K.Kurambaýew Magtymgulynyň we A.Dabylowyň dörediżiligi
babatynda «Magtymgulyny özüne halypa hasaplap, onuň däpleri esasynda
dörediżilik eden şahyrlaryň biride Abbaz Dabylowdyr. Abbaz şahyr
Magtymgulynyň şygyrlary bilen ýaşlyk ýyllaryndan tanyş bolanlygyny
hormat bilen yatlayar» - diýen pikirleri aýtmak bilen şaxyryň Magtymgulyny
uly xormat goýýandygy xakynda aýdan şeýle maglumatlary dolugy bilen
belläp geçýär. «Magtymguly örän uly şahyr. Ol garagalpaklaryň hem söýgüli
şahyry. Men Magtymgulynyň goşgylaryny ýetginżek döwürlerimden
öwrendim. Magtymgulynyň köp goşgularyny ýaş wagtlarymdan bäri ýatlap
halk arasynda aýdyp ýörin. Biz Magtymgulydan aýdanymyzda onuň
beýikligine, şöhradyna, şahyrçylyk gudratyna haýran galardyk. Iň esasysy
Magtymgulyny turkmen ya-da garagalpak diyip ayyryp oturmazdyk.
Garagalpaklar Magtymgulyny öz şahyrlary ýaly söýüpdirler we hormat
edipdirler. Toy-märekelerde bagşylar adamlaryň ünsüni özüne çekmek üçin,
ilki bilen Magtymgulydan tirmeler aydypdyrlar. Olar bir, bir yarym sagat
Magtymgulydan aydypdyrlar»1
Garagalpak şaxyry A.Dabylow kyssaçy bolup, Magtymgulydan tirmeler
aydyp il-günüň alkyşyna miesser bolupdyr. Abbaz şahyr «Magtymgula» diýip
atlandyran şygrynda Magtymgulydan aýdym aýdan ýigrimä ýakyn żyrawbagşylary dile alyar we olar hakynda bildiginden maglumat beryar2.
Garagalpak poeziýasynda türkmen we garagalpak halklarynyň
arasyndaky dost-doganlygy wasp eden, Magtymgulyny taryplap şygyr ýazan
şahyrlar örän köpdür. S. Nurymbetowyň «Sözleriň» şygry öňe sürýän
ideýasy boýança A.Dabylowyň «Magtymgula» atly şygry bilen tutaşyp
gidýär. Emma, halklaryň dostlugy ideýasy, türkmen halkyna bolan doganlyk
duýgulary,
Magtymgulynyň
eserlerine
bolan
mähir-muhebbet,
minnetdarçylyk duýgulary Sadyk şahyryň tarypynda düýbünden
tapawutlanýar. Xiç bir şahyryň goşgusynda duş gelmeýän durmuşy detallar,
hiç bir şahyrda duş gelmeýän original beýan ediş gurallary arkaly
S.Nurymbetow Magtymgulyny şeýle bir taryp edýär welin, netiżede bu şygyr
2
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 90-нжы сах
1
Bu yatlama S.Garryewiň «Turkmen edebiyatynyň sowet gundogary halklarynyň edebiyatlary bilen oz-ara
baglanyşygynyň taryhyndan» dien kitapdan alyndy. Aşgabat 1967, 38 sah.
2
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 116-нжы сах
10
şahyryň dörediżiliginiň internatsional harakterin açyp berýär. Şygyr şeýle
başlanýar:
Alemge belgili Mahtymқulysan,
Turmystan keň oryn alғan sözleriň,
Turkmen halқynyň şaýyr ulysan,
Adamғa nasiҳat bolғan sözleriň.5
Ine, K.Kurambaýew şeýle barlaglary özüniň monografik işinde öwrenip,
ony okyżylara tanyşdyrdy.
Kitabyň «Edebi gatnaşyklaryň täze basgyçlary» diýip talndyrylan
bölümde I.Ýasupow we türkmen edebiýaty barda söz açyp, «Şahyry türkmen
edebiýaty bilen baglanyşdyryp duran edebi dostluk zynżyry örän berk, köp
ugurly we durli-dürlidir. Edebiýatçylar żemgyeti ilki bilen I.Ýasupowy
Magtymgulyşynas hökmünde tanaýar. 50-nżi ýyllardan başlap ol
Garagalpakstanda Magtymgulynyň goşgularyny ýazyp almak we toplamak
işlerinde bir topar tagallalar edipdir. Magtymgulynyň heniz halka tanyş
bolmadyk şygyrlaryny kyssaçylardan, bagşylardan, dürli kärdäki adamlardan
ýazyp alypdyr. Şeýle hem, Garagalpakstanda halk arasyndaky rowaýatlary
toplamakda şahyryň hyzmatlary örän ulydyr»2 - diyip baxa beryar.
Şeýle xem kitapda Magtymgulynyň eserleriniň I.Ýusupow , soňra
I.Ýusupow we U.Pirżanowlar tarapyndan garagalpak diline terżime edilmegi
babatynda, Berdagyň şygyrlarynyň B.Seýitmuradow tarapyndan türkmen
diline terżime edilmegi1 babatda oňat pikirleri bildirýär.
Şeýle xem K.Kurambaýewiň «Wzamnoe obogashenie literatur» (Nökis,
1993) atly monografik işiniň 84-146-169-195-nżi saxypalarynda türkmengaragalpak
edebiýatlarynyň
özara
baglanyşyklary
meseleleri,
B.Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň we garagalpak, özbek
romanlary bilen deňeşdirilen xalda öwrenilipdir.
K.Kurambaýewiň Garaşsyzlyk döwürde çapdan çykan iň oňat ylmy
monografik işleriniň biri-de özbek dilindäki «Adabiý żaraýot Iżod masuliýati
Adabiy alokalar» diýen monografik işidir. Bu kitapda özbek-turkmen edebi
gatnaşyklary meseleri şonuň bilen birlikde türkmen-garagalpak edebi
aragtnaşyklarynyň-da kabir meseleleri oz cozgudini tapypdyr. Onda
Magtymguly we XIX asyr garagalpak şaxyrlary Ażiniýaz, Berdaklaryň
dörediżiligi deňeşlirme görnüşde barlag edilýär. Şeýle xem alym türkmen we
garagalpak edebi baglanyşyklarynda kly orny eýelän türkmen şaxyry, alymy,
terżimeçi A.Mämmedowyň1 xyzmatlary xakynda gowy maglumatlar
getirilipdir.
Bundan soňra K.Kurambaýewiň durli dowurlerde yazan we durli
ýerlerde, dürli dillerde neşir edilen makalalarynda hem-de kitaplarynda
Magtymgulynyň özbek, garagalpak edebiýatlary bilen baglanşykly bölümleri
5
2
1
1
S.Nurymbetow. Şyғarmalary. Tom. 1. Nokis, 1960, 334 sah.
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 178-нжы сах
Курамбайев К. Кеуил- кеуилден сув ишер… Нөкис, «Каракалпакстан», 1991, 189-207-нжы сах
Курамбайев К. Адабий жараёт Ижод масулийати Адабий алокалар. Тошкент, 2009, 175-сах.
11
ýene bir gezek çugdamlap, täze materiallar bilen esli baýlaşdyrlyp, täze
pikirleriň, deňeşdirmeleriň hasabyna üstüni ýetirip, 2012-nji yylda
“Magtymguly- Ylham çeşmesi” diýen at bilen özbaşyna kitap şekilinde özbek
dilinde neşir etdirdi. Bu saldamly kitap Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar
Akademiýasynyň akademegi Bagtyýar Nazarowyň redaktirlemeginde
“Daşkendiň “Tafakkur” neşirýaty tarapyndan çap edilipdir.
Birinji ýagdaý garagalpak nusgawylarynyň hemmesine deň derejede
degişli: Magtmgulynyň goşgulary entek bu klassyklar dünýä gelmezinden
ozal gargagalpak topragynda agyzdan agza, dilden dile gecip, mydama
ýaňlanyp duran ruhy baýlyk hasaplanypdyr.Halk durmuşda duş gelýän dürli
gyllyk-hasiyetlere, bolup gecip duran wakalara, hatda tebigat hadysalaryna
düşünmekde Magtymgulynyň goşgularyndaky pähim-parasatdan ugur
alypdyr. Şeýle bolýan bolsa, halkyň öňdebaryjy, hatly-sowatly, zehinli
wekilleriniň, ýaşaýşa sagdyn garaýan ýurt şahsyýetleriniň beýle gymmat
ykarar edilen ruhy baýlykdan göwün islegine görä peýdalanjakdygynyň ujy
iki daldir.
Ikinji ýagdaý diňe Ajnyýaza degişlidir we onuň şahsy ykbaly bilen
baglanşyklydyr. Dürli sebäplere görä ol birnäçe wagtlap Türkmenistanda
bosgunlykda ýaşaýar. Bu bolsa oňa Magtymgulynyň şygyrlary bilen içgin
tanyşmaga mümkinçilik beripdir. Kitabyň awtory onuň türkmen topragynda
bolanyny professor Kemal Mambetowyň “Ajynyýaz” (1994) atly
monografiyasyndan tapyarys. K.Mambetow 1858-1859-njy yyllarda Hywa
hanynyň adalatsyz hem ýowuz syýasatyna garşy halkyň “Goňrat gozgalaňy”
adyny alan göterilişini gurnaýjylaryň biriniň Ajynyýaz bolandygyna ünsi
cekyar. Gozgalaň basylyp ýatyrylýar. Oňa gatnaşyjy lardan diri galanlar agyr
jezalara sezewar edilýärler.Ine, şeýle ýagdaýda Ajynyýaz jan saklamak
maksadynda turkmen topragyna, hazirki Gubadag hem Boldumsaz
etraplaryna gacyp gelyar, buyerde turkmenleri penalap, uc-dort aylap
ýaşaýar.”Ajynyýaz Türkmenistanda ýaşan döwründe ady belli türkmen
klassygy Magtymgulynyň goşgularyny düýpli okap öwrenýär.Şol sebäpli ol
Magtymgulynyň köp şygyrlaryny gargalpak diline terjime edýär. Hatda käbir
goşgularyny öz döredijili-gine girizip, giňeldip ýazýar” diýip K.Mambetow
nygtap gorkezyar1.
Karimbaý Kurambaýew Magtymgulynyň “Mal ýagşy”, “Gadryn nä
bilsin”, “görüň”, “Ata meňzär”goşgularyny Ajynyýazyň “Ýagşy”, “Näbilsin”,
“Bolmasa”, “Görüň” ýaly we başga-da birnäçe goşgusyny deňeşdirip,
Ajynyýazyň olary, dogudan-da, terjime edendigi baradaky netija gelyar.Biz
kitapdaky şeýle deňeşdirmeleriň diňe birine, sözümiziň howaýy
bolmazlygyndan ötri ýüzlenip, şonuň bilenem çäklenmekçi bolý rys.
Magtymgulyda:
Bir bigane yara gulup bakandan,
Şirin janyň yşk oduna ýakandan
Yat illerde mysapyrlyk cekenden
1
Курамбайеа К. Махтимкули –илхам чашмаси. Тошкент, «Тафвккур», 2012. – сах.
12
Ursa, sogse, horlasa-da il ýagşy
Ajynyyazda:
Kisiniň ýanyna külip bakkanan
Şybyn žanyň yşk otuna žakkannan,
Öz bouňa türli nasak tapkannan,
Öz ýaryňnyň tarbiýasyn ber žaksy.
Görnüşi ýaly dort setir artdyrylandygyna garamazdan, galan setirler,
takygy birinji bendiň başky, ikinji bendiň soňky iki setiri Magtymgulyny
gaytalayar we terjimani yada salyar.
Emma Ajynyýazyň beýleki şygyrlary babatda awtor terjime sözüni
yerliksiz hasaplayar. Olar “Öýkünmäniň,täsirlenmäniň önümleridir” diýip,
oran ynandyryjylykly delillendiryar.
Berdak-da, Gunhoja-da Magtymgula çeper sözüň ussady, akyldar
şekilinde, gaýybanan halypalary hökmünde garapdyrlar. Mysal üçin, Berdak
goşgularynyň birinde Magtymgulynyň şahsyýetini we döredijiligini
häsiýetlendirip, “Men Magtymgulyny okap,”şahyryň ähli dowre kybap gelyan
şygyrlarynda, aýdyp-diyyan zatlarynda, hey, bir, kemis-kemterlik barmy?”
diýip, halkyma aýdyp geldim we sözlerini togap edip ýaşadym” diýýär.
Magtymgulyny okyganda,
Aytar yedim har zamanda:
“Kemis bar ma, begler, onda?”
Sozun togap kylar yedim.
Bu Berdagyň Magtymgulynyň diňe adyny getirýän goşgusy. Onuň
beýleki goşgularynyň aglabasy pikr, ideýa, şekil babatlarda aýdylanda bolsa,
ol Magtymgulynyň şygyrlary bilen äheňdeşdir. Günhoja barada aýdylanda
bolsa, ol Magtymgulynyň didaktik- owut- nesihat häsiýetli goşgularyna
garagalpaklaryň ünsüni çekip, özi hem şolar bilen “süýt-emek” şygyrlary
döredipdir. Magtymgulynyňterjimehal zeýilli goşgularyndaky oýlanmalar
Günhojanyň döredijiliginde gös-göni onuň öz şahsy durmuşyndaky ýagdaýlar
bilen bagly teswirlenyar1. Forma hem mazmun taýdan Magtymgulynyň
şygyrlaryna golaý goşgularyny Günhoja gargalpak halkynyň içinde ýaşap
ýören zamanasynyň ahwalatlary, halk ykbaly, onuň arzuw-umytlary, dapdessur aýratynlyklary bilen utgaşdyrýar.
Biziň gürrüňini edýän kitabymyzda Magtymgulynyň Öteş,
A.Musayew, A.Dabylow, S.Nurymbetow, Y.Yusubow yaly XX
asyr
şahyrlaryna ýetiren täsirleri. Olaryň türkmeniň beýik pähimdaryna goýýan
hormat-sarpasy baralarda-da ýörite sözbaşylar goýulan bölümlerde durlup
gecilyar. Mysal üçin, Abbaz Dabylow “Magtymgula” atly goşgusynda:
Halykka mäşhur Türkmenistan ulynyň,
Tilinen dur şaşkan Maktymkulynyň,
Mazasyn köp aldym şiýrin tiliniň,
Kitaplaryn okyp korip men zastan(Mazmuny: Halka meşhur Türkmenistan oglunyň,
1
Курамбайеа К. Махтимкули –илхам чашмаси. Тошкент, «Тафвккур», 2012. – сах.
13
Dilinden dür dökülen Magtymgulynyň,
Mazasyn köp aldym şirin diliniň,
Kitaplaryn okap görüp men ýaşdan.
diýip, garagalpak şahyrlarynyň her birinde şu temada ýazylan goşgularynda aydylyp gelinyan pikiri ozuce cugdamlayar. Yone welin, A.
Dabylowyňgoşgularynyň esasy mazmuny Magtymgulyny, edil Günho-janyň
edişi ýaly, wagyz etmekden, onuň ündewlerini halka ýene bir mertebe
şahyrana şekilde ýatlamakdan ybaratdyr.
Aytgan Maktymkuly bay menen biyge,
Zetimdi zylatyp, zarlyga tiyme,
Hakykaty aytyp, sozdi durys soyle,
Halys insan bolsaň, para almastan.
(Mazmuny: Magtymguly aydan bay bilen bege,
Yetimi aglatma, garyba degme,
Hakykaty aydyp, mydam dogry sozle,
Eger ynasn bolsaň para almazdan.)
Mahlasy, gargalpak nusgawy we soňky döwürlerde ýaşan, ýaşap gelýän
şahyrlarynyň hemmesi-de Magtymgulyny diňe bir çeper söz babatdaky
halypalary däl, eýsem şonuň bilen bir hatarda, ähli döwürleriň mugallymy,
terbiýe taglymatçysy, adamyň iň bir ýakyn geňeşdary höküminde-de goz
öňünre getirýär.K.Kurambaýewiň pikirine görä,garagalpak şahyrlarynyň
Magtymgula bagyşlap goşgy ýazmadygy ýok. Eger şahyra öýkünme äheňinde
ýazylan goşgulary-da hasaba alsaň, onda Magtymguly tematikasyndan
şygyrlar garagalpak poeziýasynyň ideýa-mazmun, çeperçilik düşünjeleribilen
bagly uly bir ulgamyny emele getirerdi.
Magtymgula bagyşlap ýa-da onuň usullaryna öýkünip goşgy
ýazanlaryň, şahyryň döredijiligini çynlakaý öwrenýänleriň biri Özbegistanyň
hem-de Garagalpagystanyň halk şahyry, Berdak adyndaky respublikan
baýragynyň eýesi, Özbegistanyň Gahrymany Ybraýym Ýusubowdyr.
Professor K.Kurmbaýew onuň “Garagalpagystan Magtymgulynyň ikinji
watanydyr”, “Dala Orfeýi”, “Şahyrlar danyşmeni Magtymguly” ýaly düýpli,
uly göwrümli makalalaryna nazar aýlaýar. Ol makalalar bolsa Y.Ýusubowyň
Magtymgulynyň ömrüne, döredijiligine, ýaşaýan zamanynyň sosial-syyasy
ýagdaýlaryna düýpli düşünýändigine şaýatlyk edýär.Hut şonuň üçinem ol
türkmeniň bu beýik şahsyýetiniň çeperçilik dessurlaryny-da oz doredijiliginde
diýseň göwnejaý işledip özleşdirdi we ösdürdi. Munuň şeýledigini şahyryň
“Näme sen?” (“Magtymgula”) diýen goşgusynyň siňňitli derňewi bilen subut
edilyar.
Goşgy Magtymgulynyň “Näme sen?” diýen goşgusyna meňzedilip
ýazylypdyr.Magtymguly goşgusynda şolar ýaly sowallar bilen Hudaýa
ýüzlenýär we onuň kimdigine, nämedin, nähilidigine. Daşky sypatyna hemde içki dünýäsine düşünmek isleýär. Şeýdibem ol käbir sopuçylyk
akymlaryndaky çalymdaş pikirlere ses goşýar. Y.Ýusubow tebigat
böleklerine, hyýaly we anyk durmuş düşünjelerini çeper janlandyryp, “Sen
14
şolaryň haýsy birisiň ?” diýip, türkmeniň belent mertebeli pähimadaryna,
döredijiligi şol sowallara barabar derejede lowurdap duran şahyranaMagtymgula yuzlenyar. Bu usul oran ygtybarly usul bolupdyr, Y.Yusubow
şonuň üsti bilen Magtymgulyny pygamber, ýagşyzada, perişde kimin uly
basgançaklara göterip keramatlaşdyrýar.
“Magtymguly- ylham çeşmesi” diýen kitapdaky “Magtymgula köňül
beren şahyr” diýen bölümde häzirki zaman garagalpak edebiýatynda iň
öndürijilikli işleýän Abylkasym Ötepbergenowyň Magtymguly bilen
baglanyşykly ýazan eserleriniň üstünde durulýar. Bu şahyr diňe şireli
poeziýasy bilen däl, şowly kyssa eserleri bilenem garagalpak okyjylarynyň
söýgüsini gazandy. Ol hakyky nesihatçy şahyr hökmünde tanalýar. Ynha,
döredijiliginiň şu ugry ony, Magtymguly ideýalaryny garagalpak halkynyň
milli gylyk-häsiýetine görä ösdürýän, dowam etdirýän, söz ussady şekilinde
görkezýär. Onuň “Ýagşy”, “Bolmaz”, “Meňzär”, “Görüň”, ”Näme sen?”, “Bir
gunem bolmasa dirilik gowy”. “biliner”, “Otup baradyr” yaly oran kop
şygyrlary gös-goni Magtym-gulynyň şol atlardaky goşgularynyň täsirleriniň
netijesinde döredilipdir. K.kurambaýew Magtymgulyda ynsanyň gylykhasiyetleri,yslam, din-adat terbiýeleriniň gürrüňi umumy aspektlerde edilýän
bolsa, A.Ötepbergenowyň şygyrlarynda ýaşap ýören anyk şahsyýetlere,
görnüp duran tebigat hadysalaryna, durmuşyň güberdip görkezýän
meselelerine koprak uns berilyandigini enceme degerli mysallar mysallar
arkaly subutlandyryar.
A.Ötepbergenow garagalpak edebiýatynda Magtymgulynyň anyk
duýarlykly, janly çeper keşbini döretmäge çynlakaý ýapyşan şahyrdyr. Onuň
“Allaňy unutma”,”Allanyň-da hasaby bar” diyen poemalarynda Magtymguly
adalat ugrunda göreşiji, watanyny, halkyny, janyndan-da ileri tutýan şahsyýet
hokmunde suratlanyrylyar.Turkmen akyldary nirede, nahili sahna wakasynda
gorunse-de, özüni ýurduň ak ýürekli, sada hem mysapyr halkyndan aýry
tutmayar.
Garaglapak şahyry Magtymgulyny alada goýýan, oňa ylham berýän we
özüniň begenç-gynanjyna şärik edýän, ony ýaşadýan zat- Halky.Galan
zatlar:nebsewurlik, men-menlik, şöhratparazlyk, tekep-birlik , baylyk, cindereje/ wezipe manyda/ şahyry asla gyzyklandyr mady- diyip, oz
poemalarynda şahyrana terizde, okyjysynyň göwnünden turarlyk, gulagyna
ýakarlyk aňyna guýarlyk rewüşlerde teswirleýär. Bu ýagdaýlar garşylykly
wakalarda suratlandyrlýanlygy sebäpli, Magtymgulynyň keşbinde okyjynyň
ýadynada oňat galýar diýlip, alymyň işinde ýörite bellenilýär.
Filologiýa ylymlarynyň doktory K.Kurabaýewiň “Terjime we
terjimeçininiň jogapkärçiligi”, “Magtymguly-ylham çeşmesi” ýaly
Magtymgulynyň goşgularynyň özbek we garagalpak dillerine edilen terjime
nusgalary hakynda pikir ýöredilýär. Alymyň aýtmagyna görä, Ozbegistanda
Magtymgulynyň şygyrýetinden terjime etmäge synanşyklar az däl. Emma
henize bu güne çenli şahyr, ýazyjy, edebiýaty öwreniji alym Jumanyýaz
Şarypowyň terjimeleri ýaly şeýle kämil terjimelere gabat gelenok. Hut şeýle
15
bolansoň, Magtymgulynyň goşgulary onuň terjimesinde telim gezek köp
nusgalarda cap edilip, ozbek okyjylaryna yetirildi.
Garagalpak diline edilen terjimeleriň içinde Y.Ýusubowyň terjimelerini
K.Kurambaýew şowly çykan terjimeler hasaplaýar.Ýogsam bolmasa,
Magtymgulynyň goşgulary Y.Ýusubowdan, U.Pirjanowdan ozal A.Dabylow,
J.Aymurzayew,
B.Gayypnazarow,
B.Ysmayylow,
Z.Seyitnazarow,
G.Yesemuratow, U.Hojanyyazow, D.Aymuratow, K.Dusanow yaly
garagalpak şahyrlarynyň terjimesinde 1959-njy yylda kitap hem bolup
cykarylypdyr. Edebiyatcy bu meselä Magtymgulynyň 1984-nji yyldaky
garagalpakça neşiri boýunça göz aýlaýar. Her halda, K.Kurambaýew
J.Şarypowyň-da,
Y.Ýusubowyň-da,
U.Pirjanowyň-da
terjimeleriniň
gownemakul taraplary bilen birlikde, asyl nusga layyk gelmeyan, cepercilik
we millilik babatlarda şindi gowşak taraplaryny-da oran icgin yzarlayar.Ceper
terjime- sungat diýlip atlandyrylýan ruhy baýlyklarymyzyň iň bir kyn, düýpli
oýlanşyklylygy talap edýän görnüşi. Onda terjime edilýän şahyrlaryň degişli
bolup durýan halkynyň milliligi hökmän saklanaýamaly, şol bir wagtyň
özünde ol terjime edýän şahsyýetiň degişli bolup durýan milletiniň-de ruhyna
ýakynlaşdyrylmaly.Bu iki talaby bitewileşdirmek her bir zehine şeýle bir
eýgerdip barýan zat däl. Şonuň üçinem edebiýatçy terjimeçileriň bu işe örän
jogapkärli çemeleşmelidiklerini gaýtalap-gaýtalap nygtap gidýär, şeýle
nygtaw şübhesiz ýerliklidir.
“Terjime we terjimeçiniň jogapkärçiligi” diýen kitabyna ýazan
sözbäşysynda akademik B.Nazarow Garaşsyzlyk ýyllarynda terjime sungaty
bilen bagly ylmy degşirmeleriň bolmandygyny belläp, aslyýetinde bu
meseläniň asla könelmeýän umumyhalk ähmiýetli möhüm meseledigini
tekrarlapdyr.Şeýle nukdaýnazardan professor K.Kurambaýewiň bu ugra
dahylly makalalar toplumynyň özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilmegini
“problemanyň täzeden janlanmagynyň buşlukçysy” diýlip häsiýetlendirlipdir.
Ýeri gelende aýtsak, edebiýaty öwreniş ylmynyň uly bir şahasy bolan
terjimeşynaslygyň ýagdaýy bizde hem dile alarlyk däl.Ony bölek-bucek
makalalarda yatlap yorman, yzgiderli, kompleksleyin şekilde işlemek gerek.
Şeýle edilse, ol işleriň talyplar, edebiýat mugallymlary, edebiýat gadyr
goýýan halkymyz üçin bähbitli boljakdygy gürrüňsizdir. Şu jümleden,
türkmen edebiýatynyň dosty, Magtymgulyny yhlyasly öwreniji
K.Kurambaýewiň bu işleri biziň türkmen milli ylmymyz ucin-de gorelde
alarlykdyr.
K.Kurambaýewiň “Maxtumkuli – ilxam çaşmasi” atly monografik işi
2013-nżt ýylda Aşgabatda “Ylym” neşiriýatyndan çapdan çykdy. Ony
türkmen diline terżime eden türkmen alymy filologiýa ylymlarynyň doktory
Axmet Mammedow.
Terżimeçi Axmet Mämmedow xem türkmen-garagalpak edebi
gainaşyklary boýunça kän ylmy barlaglar alyp bar. Şonuň üçinem ol
K.Kurambaýewiň “Maxtumkuli-ilxam çaşmasi” atly monografik işini sap
türkmen diline gaty gowy terżime edipdir.
16
Kitapda “Magtymguly ýaly öňden görüżi şaxyr” diýipt atlandyrylan
bölümde K.Kurambaýewiň XIX asyryň ikinji ýarymynda ýaşap geçen
garagalpak nusgawy edebiýatynyň görnükli söz ussatlaryndan biri
Günhojanyň
türkmen-edebiýaty bilen baglanyşygy meselesini açyp
berendigini türkmen tilinde terżime edýär.
K.Kurambaýew”Ýel menen”, atly on ýedi bentlik goşgysyny xem-de
“Ýetim hakyn iýäýme”, “Akybet” atly goşgularyny barlaga çekip, olarda
Magtymgulynyň ady ýatlanýandyşyny belläp geçýär. Şeýle xem
K.Kurambaýew “Magtymgulynyň Günhoja şygyrýetine täsiri köpgyraňly
diýip belläp otyryp, “Ilki bilen şahyr Magtymgulynyň ulanan edebi şekillerine
köpräk arka direýär, öz döwrüniň ykbal şemalyny beýan etmek üçin olardan
peýdalanýar, temalary täze mazmun bilen baýlaşdyrýar. Şahyryň
“Bolarmyka?”, “Hacan gorer men”, “Il bilen”, “Name gerek?”, “Gorer sen?”,
“Başy hor eýlär” diýen goşgularynyň daşky görnüşi Magtymgulynyň ulanan
şekillerine golaý.Diýmek, edebi täsir,esasan, şekilde we mazmunda göze
ilýär. Magtymulynyň goşgulary Günhoja şekil, daşky sypaty babatda täsirini
ýetirýär. Magtymgulynyň “Uçdum, ýaranlar”, “Barmy, ýaranlar” “Bolmaz,
yaranlar”, “Batdy yaranlar”, “Gonmaz, yaranlar”, “Atly, yaranlar”, “Geldi,
ýaranlar”, “Öter, ýaranlar” ýaly goşgulary bar. Olaryň atlandyrlyşy umumy
bolsa-da, mazmuny jahitden biri-birinden tapawutlanýar. Mysal üçin, şahyryň
“Geldi, ýarnlar” atly goşgusynda ylymyna amal etmeýän adamlar
yazgarylyar:
Alymlar ylmyna amal etmedi,
Ku’ran okyp, manysyna yetmedi.
Ile aydyp, ozi birin tutmady,
Ilden pynha guna kyldy, yaranlar (2t,157 sah)?
“Gonmaz, ýaranlar” şygrynda ikiýüzli tipler paş edilýär. “Atly
ýaranlar” diýen goşgusynda Ýusup hem Züleýhanyň söýgi gatnaşyklary bilen
bagly rowaýat sýužeti öz beýanyny tapýar. Beýleki bir goşgusynda bolsa,
liriki gahrymanyň romantiki ahwaly suratlandyrylyar.
Açylmyşdyr anda reňbe-reň güller,
Şuryş-u efganda şeýda bilbiller,
Mermerden howuzly, kowser dek suwlar,
Tahaýýyr eýleýip,çaşdym, ýaranlar.(1t.,30s)
Goşgularyň temalary dürli-de bolsa, şekil çalymdaş .Biziň pikrimizçe,
beýle şekil Günhojanyň “Ýaranlar” goşgusyny ýazmaga belli derejede
ylhamlandyrypdyr. Gep şygyrlaryň daşky meňzeşliginde däl. Günhoja
Magtymgulynyň şygyrlarynad öredijilikli mynasybetde çemeleşýär, temanyda, mazmuny hem özüçe beýan edip, döwrüniň talaplaryna uýgunlaşdyrýar.
Goşguda XIX asyra degişli durmuş näsazlyklary dile alynýar, her bentde
zamandan dilgirlik äheňi, şahyryň şahsyýeti bilen bagly başga meseleler hem
gozgalyar” – diyip K.Kurambayew1 özüniň işinde belläp geçýär.
1
Курамбайев К. Магтымгулы Гараглпагыстанда. Ашгабат, 2013, 19-23-нжи сахыпалар.
17
Şeýle xem K.Kurambaýew özüniň bu barlagynda Günxoża we
Magtymgulynyň şygyrlaryndaky aratapawudyny xem belläp geçýär:
“Günxożanyň ýene bir tapawudy, onuň aglaba bentlerinde teswir birinji
şahsyň, ýagny liriki gahrymanyň (şahyryň özüniň) dilinden berilýär.
Magtymgulyda bu usul başgaçarak bolup, “meniň” hyzmaty ikinji, käte üçinji
şahsyň üstüne ýüklenilýär. Bu, biziň pikirimizçe, Günhojanyň lirikasyndaky
närazylyk döwrüň edebiýat, edebiýatyň döwür bilen ýakynlaşanlygynyň
alamatydyr”2.
K.Kurabamaýew Magtymguly we Günxożanyň dörediżiligindaki forma
we mazmun, goşgy düzlüş kadalaryna, stil gözlegleri meselelerine,
suratlandyryş xalatlaryna uly üns beripdir.
Kitabyň “Magtymguly Öteş şaxyryň lirikasynda” atly bölüminde Öteş
şahyryň döredijiliginde Magtymgulynyň lirikasynyň-da tasirleriniň
bardygyny, şaxyryň “Berdak bagşyga jogap” goşgusyny barlag etmek arkaly
anyklapdyr. Öteş:
Makymkuly magrip baskalar otti,
Gyýbat sözi pasyk şaýtan ne ýetdi,
Tilge kelse olgenlerin soyletti,
Magryp Maktymkulydan kalgan yemesmi?
Goşgy bendinde Magtymguly söze ussat, çeper şahyr hökmünde
ýatlanylýar, onuň şyrgyrýetine ýokary baha berilýär. Ol sözüň gudraty bilen
“ölenleri direldip, gürledip bilýän” Magtymguly ýaly şahyr dünýäde ýeke-tak
diýen netijä gelýär. Öteşiň “Ötti dünýäden” diyen Yedi bolumden duryan bu
goşgusynyň iki bendinde Magtymgulynyň ady tutulýar.
“Öteşiň döşredijiliginiň ýene bir tarapy onuň Magtymgulynyň
owut-nesihat
şygyrlaryndan
nusgalananlygydyr. Şahyryň didaktik
şygyrlarynyň arasynda hem şekil, hem mazmun boýunça Magtymgulynyň
goşgularyna çalymdaşlary ýok däl. Mysal üçin, şahyryň “Bolar”, “Karzm
alma”, “Ýeter men”, “Ýalydyr”, “Galmady” şygyrlary Magtymgulynyň
“Gidiji bolma”, “Zor bolar”, “Sil galmaz”, “Söhbet ýagşydyr”,”Ýarylmagyl”,
“Yar bolmagyl”, “Gara reň bolar”, “Meýdan ýoluksa”, “Ýat bolar” şygyrlary
bilen galypdaş”1. Şonuň üçinem K.Kurambaýew Magtymgulynyň “Zor
bolar”, “Bolar sen”, “Ýat bolar”, “Gyş bolar”, “Ýüz bolar”, “Gara reň bolar”
atly goşgularyny Öteşiň lirikasy bilen deňeşdirip barlag edipdir. Emma alym
şu ýerde bir zada aýratyn üns beripdir. Ol da bolsa, “Eger Magtymgulynyňdyr
Öteşiň goşgularyndaky şekil we mazmun ýakynlyklaryny edebi täsir sözi
bilen belgilesek, bu hakykat bilen onçakly ylalaşmaýar. Bu golaýlyklary, ilki
bilen, şahyryň ykbaldaşlygyna, bir meňzeş jemgyýetçilik durmuş şertlerinde
ýaşanlygyna baglamak gerek. Her hili talant sahybynyň konkret durmuş
şertlerine uýgunlaşyp, kämillige ymtylýandygy edebi tejribede aýan zat. Ähli
döredijileriň iň ilkinji ussady- durmuş. Sebabi, dorediji ozaly bilen
2
1
Курамбайев К. Магтымгулы Гараглпагыстанда. Ашгабат, 2013, 19-28-нжи сахыпалар.
Курамбайев К. Магтымгулы Гараглпагыстанда. Ашгабат, 2013, 29-38-нжи сахыпалар.
18
durmuşdan iýmitlenýär, durmuş hadysalaryndan täsirlenýär. Bu ýagdaý
şahyrda pikiriň, mazmunyň-ideýanyň döremegine sebäp bolýar. Ine şeýle
ýagdaýda başga bir şahyryň döredijilik täsiri “herekete” gelip, döredijilik
mumkinciligini ugrukdyrmakda beýleki bir şahyr üçin gözükdiriji bolup
hyzmat edýär. Ol täsirlenýäniň döredijilik niýetini kuwwatyndyryp, eseriň
emele gelşini çaltlandyrýar. Bu geçmiş edebiýatymyzda hem, şu günki
edebiyatymyzda-da edil şol usulda dowam edip gelýär. Magtymguly
şygyrýetiniň Öteşiň lirikasyna täsiri meselesine hem şeýle pirinsipden
çemeleşmek zerur”1- diýip dogry pikiri öňe sürüpdir.
Kitapda “Nusgawy edebiýatyň täsirini anyklamakda käbir
synanşyklar” atly bölüminde żedelli meselelere özüniň gözgaraýşyny
bildirýär. Ýagny, Ajynyýaz “Aý elip” we “Bäri gel” şygyrlaryny Uzlatyň
tasirinde yazypdyr diyip, delil ucin getiren mysallary bu yagdayy bir yuzli
etmekden ejiz gelýär. Çünki goşgulary deňeşdirip okasaňyz olaryň
arasyndaky içki ýa daşky baglanyşygy görüp bilmersiňiz. Olar žanr we
şahyrana beýan, ritm we kapyýa jähitlerindenem belli-kulli tapawutlanyar.
Deňeşdiriň, Uzlat:
Ey- alifdek komatiň sarwi çaman ýor-yor,
Hol labiň kunjida muşki Huton ýor-yor,
Kunglum aro kirpiging buldi tukan yor-yor,
Munca meni kuymagil furkat aro, yor-yor.
(Mazmuny: Aý, elip dek kamatyň serwi-cemen yar-yar,
Lebiö Hotan künjüsiniň müşki ýaly ýar-yar,
Köňlüm era kirpigiň bulut ýaly ýar-yar,
Hay-haý öleň, jan öleň, hormat era, ýar-yar,
Munca meni goymagyl, kulpet era yar-yar.
Ajynyyazda:
Ay- alifdekl, naz yetip, haykelni takkan beri kel,
Be- buralyp, saz ýetip, kaşyny kakkan beri kel,
Te-tutaşyp, ot kibi, kyýa bakkan beri kel,
Se- sana aytyp tilidin pallar akkan beri kel,
Zim- zanymdy orteyip, otlarga zakkan beri kel.
(Mazmuny: Ay, elip dek naz edip, heykelim dakan, bari gel
Be- burulyp, saz edip, gaşyny kakan bäri gel,
Te-tutaşyp, ot kibi, gyýa bakan, bäri gel,
Se-sena aydyp dilinden ballar akan bari gel,
Jim- janymy orteyip, otlara yakan, bari gel.)
Bentlerde umumylyga garanda indiwiduallyk güýçli. Uzlatyň
“Öleň”/Ulen/ ýigrimi dokuz bent, özem halk döredijiliginiň “ýar-yar”
görnüşine dahylly. Her bent bolsa alty setirden ybarat. Sözbaşysynyň
aşagynda “Öleň ritm we kapyýa, harplara basym bilen ýazyldy” diýlibem
gorkezilyar. “hay-haý öleň, janöleň” setiri we rifmadan soň gelýän “ýar-yar”
redifi bentleriň ählisinde şol bir röwüşde gaýtalanýar. Ajynyýazyň goşgusy
1
Курамбайев К. Магтымгулы Гараглпагыстанда. Ашгабат, 2013, 38-нжи сахыпа.
19
Muhammes (bäş setirli) bolup, alty bentden ybarat muşşaha çalym edýär. Her
bir setiriň bäş harplarynyň toplumyndan nähilidir bir at ya-da başga bir bitewi
söz /düşünje/ ýasalmadyk-da bolsa, onda muşşahyň käbir alamatlary duýulýar
. Şuňa esaslanyp, Ajynyýazyň “Bäri gel” we “Aý elip” muhammeslerini şertli
halda muaşşah atlandyrmak mümkin. Emma, ol, baribir, Uzlatyň “Öleňiniň”
tasirinde yazylmandyr”1.
Ýene bir pikir. Käbir edebiýatçylar Ajynyýazyň “Bäri gel” redifdäki
şygry XIX asyr türkmen edebiýatynyň görhünkli wekili Mollanepesiň “Bäri
gel” redifi goşgusynyň täsirinde ýazylypdyr diýip, tassyklaýar. Eger
edebiyatcy alym K.Baynyyazow “Ol (Ajynyyaz-K.K,) Mollanepesiň “Bäri
gel” goşgusyna, meňzedip “Bäri gel” muhammesiniň ölçeginde “Oýan”
goşgusyny döretdi, diýip ýazsa, A.Kerimow kitabynda
bu pikiri
kuwwatlandyryp, şeýle ýazýar:”Ajynyýazyň “Bäri gel” goşgusynda
Mollanepeiň şygyr ölçeglerinden, bogun meňzeşliklerinden, şeýle hem
temasy bilen ideyasyndan peydalanandygy gorunyar.”
Bu pikirlere biziň kän bir garşylygymyz ýok. Degşirmeler azu-kop
derejede hakykata golaý. Goşgulary özara baglanyşdyryp duran taraplaram az
dal. Şekilden, şahyrana keşpden peýdalanylyşyndaky çynlakaýlyk, iki
goşgunyň-da owazlanyş akgynlylygy, ritmiň ýeňilligi we ýönekeýligi şeýle
netijä gelmäge, elbetde, esaslar berýär. Mollanepesiň şeýle bir ajaýyp
goşgulary bar welin, olar öz okyjysyna ylham berýär, eger ol şahyr okyjy
bolsa, onda onuň türkmen şahyryndan täsirlenip goşgy ýazmak höwesine
beriljekdigine–de ynanýarys. Şahyryň aşakdaky setirleriniň her bir galam
eyesinde ylham hyjuwyny emele getirjekdigi ikucsyz.
Gel otur gaşymda sen, zowky-jemalyň göreli,
Gül ýüzüň şöhlesine saz bilen söhbet guraly,
Dost gadyryn bileli, duşmany otga uraly,
Dünýä bäş gündür, öter zowky-sapalar sureli,
Bu yalan dunya oter, otdu-le dowran, bari gel.
Ka gulup bari bakyp, naz bilen sallana sen,
Kätegäşyňny çytyp, her tarapga tolgana sen,
Älemge şöhle salan türpe ajaýyp sona sen,
Öz ýüzüň şöhlesine, belki, özüň hem ýana sen,
Ýüregim otga salan ataşy-suzan bari gel!?
Şunuň kimin joşgunly setirler, elbetde, Ajynyýazy biparh galdyran
däldir. Onda şu hili şahyrana äheňde goşgular ýazmak niýetini döredeni
şübhelenere ýer goýmaýanam ýaly, jynyýazyň goşgusyndaky içki mazmun,
göwün galkyndyryjy owazlylyk, şahyrana halky usullar we beýleki edebi
tazelikler, dogrudan-da, Mollanepesiň oşgularyny ýatladýar”1
Şeýle xem kitapda garagalpak edebiýatynda terżime meselesi babatynda
xem K.Kurambaýew gowy pikirleri öňe sürüpdir. Onda Magtymgulynyň
1
1
Курамбайев К. Магтымгулы Гараглпагыстанда. Ашгабат, 2013, 39-нжи сахыпа.
Курамбайев К. Магтымгулы Гараглпагыстанда. Ашгабат, 2013, 39-нжи сахыпа.
20
goşgularynyň garagalpak diline terżime edilmegi, bu terżimeçilik işinde
I.Ýuspowyň, U.Pirżanowyň, A.Ötepbergenowlaryň zäxmetlerini aýratyn
belläp geçýär. Şol termileriň ustünlikli taraplaryny aýdyp geçmek bilen
birlikde olardaky kabir kemcilikleri xem belleyar. Umuman aydanymyzda
K.Kurambaýewiň bu monografik işlerinde türkmen-garagalpak edebi
gatnaşyklarynyň ýokardaky ýaly käbir meseleleri özüniň oňat barlagyny tapyp
bilipdir diyip aytmaga bolyar.
21
Netiże
Belli alym Karimbaý Kurambaýewiň türkmen we garagalpak edebi
baglanyşyklary meselesinde şu güne çenli alyp baran barlaglaryny analize
cekip, işiň dowamynda göze düşen meseleler boýunça şeýle netiżelere geldik.
1. Milli edebiýatlary özara baglanyşdyryp, türkmen edebiýatynyň-da
gadymy taryhy döwürinden başlap, orta we XX asyrlar, häzirki zaman edebi
nusgalaryny oz ylmy-barlag işlerine yzgiderli ornaşdyryp gelýän tanymal
özbek edebiýatçylarynyň biri Kerimbaý Kurambaýewdir. Onuň sap türkmen
edebýaty we onuň beýleki edebiýatlar bilen baglanşykly ýazan makalalary
geçen asyryň 60-njy yyllaryndan barligine turkmen metbugatynda hem halibu gune cenli neşir edilip gelinýär.
2.Belli
alym
K.Kurambayew
turkmen-garagalpak
edebi
baglanyşyklaryny öwrenmek meselesinde xas aktiwlik görkezdi.
K.Kurambaýew Garagalpagystana işe gelmegi we bu halkyň edebiýatyny hem
onuň taryhy kökleri bilen birlikde içgin öwrenmegi, garagalpak dilini-de oz
ene dili ýaly derejede özleşdirmegi onuň alyp barýan ylmy-barlaglarynyň
tematik gerimini giňeltmek bilen bir hatarda garagalpak edebiýatyny-da
Magtymgulynyň döredijiligi bilen bagşanyşdyrmak ýaly täze bir ugry emele
getirdi.
3. Karimbaý Kurambaýew “Özge millet edebiýatynyň şahyrana tejribesi
we onuň milli edebiýatlaryň ösüşindäki orny” diýen temada ýokarda agzlan
köp sanly ylmy makalalarnyň, monografiýalarynyň esasynda 1992-nji yylda
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we
edebiýat institutynyň kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalaryny goramak
boýunça ýöriteleşdirilen alymlar geňeşinde ylmy doklad görnüşinde doktorlyk
dissertasiyasyny gorady.
4.Filologiýa ylymlarynyň doktory K.Kurabaýewiň “Terjime we
terjimeçininiň jogapkärçiligi”, “Magtymguly-ylham çeşmesi” ýaly
Magtymgulynyň goşgularynyň özbek we garagalpak dillerine edilen terjime
nusgalary hakynda pikir ýöredilýär. Professoryň bu monorafiýasy 2013-nji
yylda A.Mammedow tarapyndan turkmen diline terjime edilip, “Magtymguly
Garagalpagystanda” ady bilen Aşgabatda “ylym” neşirýatyndan çapdan
çykýar. Oňa türkmen alymy Axmet Mämmedow sözbaşy ýazypdyr.
Şeýlelikde K.Kurambaýewiň türkmen-garagalpak edebi gatnaşyklary
babatynda alyp baran barlaglary esasy edebi aragatnaşygyň üç ugry boýunça,
ýagny: birinżisi türkmen-garagalpak edebiýatlarynyň taryxy köklerini
anyklmak, ikinżisi, edebi baglanyşyk meselesinde Magtymgulynyň edebi
mekdebiniň tutýan orny we xyzmaty, üçünżisi çeper terżime meselesi.
22
Peydalanylan edebiyatlar
1.Karimow I. A, Ýangiça fnkirlaş wa işlaş dawr talabi. Toşkent,
„Uzbekiston“, 1997
2.Abdullaỳew W. XYII-XYIII asrlarda Xorezmde Uzbek adabiyoti.
Toşkent, 1958.
21. Kurambaew K „Kewil -kewilden suwişer...‘‘ Nökis «Bilim» 1991
22. Kurambaew K. Wzaimnoe obogashenie literatur. Nukus.,
„Bilim», 1993
23. Kurambaew K. Magtymguly garagalpagystanda. Aşgabat, 2013
24. K.Kurambaỳew. Magtymguly ylham çesmesi. Toşketnt, 2012
25.Kurambaýew K. Döwrebap temalar we şahyrana ussatlyk.//Miras.
2012, № 3
26. Magtymguly Garagalpagystanda. Aşgabat, «Ylym», 2013
23

Benzer belgeler

MAGTYMGULY PYRAGY Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly

MAGTYMGULY PYRAGY Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly gatnaşyklardan sahypalar” (1966), “Magtymguly we özbek edebiýaty” (Daşoguzda özbek dilinde çykan “Pahtakor” gazeti, 1968) ýaly makalalarynda Magtymgulynyň diňe bir özbek edebiýatyna däl, eýsem sung...

Detaylı