PDF - kitabi

Transkript

PDF - kitabi
NIL ANDERSON
GANDALY
DÖWÝÄNÇI
Originally published as:
THE BONDAGE BREAKER
Copyright © 2000 by Neil T. Anderson
Published by Harvest House Publishers
Eugene, Oregon 97402
© 2009 for the Turkmen edition.
All rights reserved. Used by permission of Harvest House Publishers
Uzak garaşylan erkinlik
Birnäçe ýyl mundan öň men Günorta Kaliforniýanyň ybadathanalarynyň
birinde „Täze asyr“ hereketi barada wagyz bilen çykyş etdim. Öz
çykyşymda resul Pawlusyň meşhur gürrüňinden söz açdym: „Ruh
nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner…
aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar“ (1 Timot. 4:1‑2).
Wagyzlar gutarandan soň, birnäçe adam meniň ýanyma geldi. Olar
şeýtan ruhlarynyň döredýän ruhy gatnaşyklary barada has içgin soramak
isleýärdiler.
Men soraglara jogap berýärkäm, birnäçe adam zalyň ortasynda bir
gyzy köşeşdirmäge jan edýärdiler, ol gyz ýygnak gutaraly bäri aglaýardy.
Ahyrsoňy ybadathana gullukçylarynyň biri töweregime üýşen märekäniň
arasyndan geçip, näme bolup geçýändigini görmegimi haýyş etdi.
Ol gyzyň horkuldap aglap oturşyna, onuň: „Ol maňa düşüner“ diýýän
sözlerini eşitdim, ol muny köp gezek gaýtalady. Biz ony ybadathana
ofisleriniň birine äkidip, onuň bilen ýüzbe-ýüz gepleşmäge mümkinçilik
döretmegi karar etdik. Ol ýerde gyz ahyry köşeşdi, biz indiki hepde onuň
meniň ýanyma gelip, özüniň ähli betbagtlyklary barada jikme-jik gürrüň
bermegi hakynda ylalaşdyk.
Haçanda Nensi bir hepdeden meniň ýanyma gelende, onuň ýüzi täze
dyrnalyp, pers-ala edilendi.
– Men özüme hiç zat edip bilemok. Men ýüzümi öz islegime garaşsyz
dyrnaýaryn – diýip, ol boýun aldy.
Nensi özüniň çagalygynyň taryhyny gürrüň berdi, muny bagtly diýip
atlandyrmak mümkin däldi. Onuň kakasy rehimsiz, gaharjaň adam bolup,
maşgala agzalaryna el götermekden çekinmeýärdi. Nensiniň garry enesi
bolsa özüni jadygöý hasaplapdyr.
4
Gandaly döwýänçi
– Haçanda men üç ýaşymy dolduranymda, meni goragçy-ruhlara
tabşyrdylar, olar maňa ýolbaşçylyk edip, nähili hereket etmelidigini we
näme geplemelidigini aýdýardylar – diýip, Nensi gürrüň berdi. – Men
mesihileriň mekdebine gatnap başlamazymdan öň, goragçy-ruhlaryň
maňa zyýan getirip biljekdigi hakynda kelläme hem gelmändi. Men
muny her niçik bolsa-da öz-özünden bolýan zat hökmünde kabul etdim.
Men bu gorkulary kakam bilen paýlaşan badyma, ol gazap donuny
geýip, meni ýençdi. Soňra men oňa gaýdyp başga soraglar bermedim.
Nensi öz-özüňi terbiýelemek ruhlardan halas edýär diýen netijä geldi
we yhlas bilen okamaga başlady. Mekdepde ýokary synpda okaýarka,
ol Mesihi özüniň Rebbi we Halasgäri hökmünde kabul etdi. Emma
goragçy-ruhlar ony taşlap gitmegiň deregine, ruhy taýdan heläk etmek
hereketleri bilen dowam edýärdiler.
Mekdepden soň ol özüne has köp terbiýe almak islegi bilen deňiz
goşunynyň aýallar bölümine okuwa tabşyrdy we ýetişigi boýunça
derrew ilkinjileriň hatarynda bolmagy başardy. Onuň öz içinde
göreş alyp barýandygyny, dartgynly içki duýgularyny nähili güýç
bilen saklaýandygyny hiç kim bilmeýärdi. Iň soňunda Nensiniň nerw
sistemasy bozuldy we ony ätiýaçlyk üçin işden çykardylar. Içki gapmagarşylyklar oňa indi köp ýyl bäri ejir çekdirýärdi, şeýle hem bu mesele
hiç çözülenokdy. Hut şunuň ýaly agyr ýagdaýda Nensi ybadathana geldi,
men hem ol ýerde ýalançy-ruhlar barada wagyz etdim.
– Ahyrsoňy, men özüme düşünýän adama duşdum – diýen Nensiniň
sesi gözýaşdan ýaňa sandyrady.
– Siz öz goragçy-ruhlaryňyzdan halas bolmak isleýärsiňizmi? – diýip,
men soradym.
Ara uzak arakesme düşdi.
– Siz näme olaryň meni ömürlik taşlajakdyklaryna kepilnama berip
bilýäňizmi? Öýe baranymda, men ýene olaryň hökümdarlygy astynda
bolmarynmy?
– Siz olardan halas bolarsyňyz – diýip, men ony ynandyrdym.
Bir sagatdan soň, ruhlar Nensiden çykdylar, ol zynjyrdan boşamak
bilen ybadathana gullukçylaryny gujaklady, çünki muny öň hiç haçan
bilmändi.
– Indi men öýüme arkaýyn myhman hem çagyryp bilerin – diýip, ol
şatlyk bilen gygyrdy.
Uzak garaşylan erkinlik
5
Gara güýçler – biziň dünýämiziň hakykatydyr
Nensiniň başdan geçirenleri adatdan daşary ýagdaý däl, esasan hem bu
mesihi dünýäsi üçin has duş gelýän ýagdaý. Ýigrimi ýyllyk ruhanyçylyk
gullugymda, seminarlarda, wagyzlarymda we mesihilik boýunça
maslahatçy bolup işlän döwrümde şunuň ýaly şeýtan güýçlerinden ejir
çekýän adamlara köp duş geldim, bu gapdaldan seredýän adama geň
görünýän bolmagy mümkin.
Reb meni gulluga çagyrmazdan öň, men aerokosmiki senagatynda
inžener bolup işledim. Mesihi hökmünde men erbet güýçlere-de,
okkultizme-de, ezoterika taglymatyna-da aýratyn bir üns bermedim.
Emma men hemişe Injilde gara güýçler barada aýdylýanlara ynanmaklyga
ýykgyn edýärdim, ýogsam bu ylmy taýdan gapma-garşylyk hem
döredýärdi. Hut ýigrimi ýyl mundan öň, Reb Nensi ýaly şeýtan täsiriniň
pidasy bolan adamlary meniň ýanyma getirdi. Men erbet häsiýetleri
zerarly we samsyk pikirlerine çolaşan hem öz hereketlerine gözegçilik
edip bilmeýändikleri üçin, mesihi ösüşleri togtap galan mesihiler bilen
duşuşyp başladym. Men gullugymyň ilkibaşlarynda köp ýalňyşlar
goýberendigimi boýun almalydyryn, hemme zat gaty bir düzüw bolmady,
emma barybir meniň kömegim hakyky miwelerini berdi. Gullugymyň
ilkinji ýyllary, umumylykda alanyňda, mesihileriň şeýtana we onuň
goşunyna garşy göreşe we ruhy ýesirlige düşen adamlara kömek
etmeklige deň derejede erbet taýýardyklaryny görkezdi.
Mesihilik kämilligi we gara güýçleriň hökümdarlygy astynda
bolmazlyk
Okaýan döwrüm hem gullukda wagtym men päk ahlakly hem ýeňişli
mesihilik durmuşynyň kepilligi iki nukdaýnazara dogry düşünmekden
ybaratdyr diýen netijä geldim. Birinjisi – kämillik nukdaýnazary.
Efeslilerde Pawlus biziň imanda ösmegimiziň zerurdygyny ýazýar;
„Biziň hemmämiz imanda, Hudaýyň Ogluny tanamada birlige, kämillige,
Mesihiň dolulygyndaky ýetişenlik derejä ýetmeli“ (Efesliler 4:11). Hudaý
biziň Mesihde ösmegimiz üçin „ýaşaýşa, takwalyga degişli ähli zady“
bize bagyş etdi (2 Petrus 1:3). Başga bir tarapdan, şeýtan biziň özümiziň
Mesihde kimdigimizi we nämä eýedigimizi bilmezligimiz üçin ähli zady
edýär. Kämillige ýetmek üçin ilki bilen biz gara güýçleriň üstünden
ýeňiş gazanmalydyrys, çünki „biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de,
6
Gandaly döwýänçi
hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy“ (Efesliler 6:12). „Tümlügiň
üstünden gazanylan ýeňiş“ atly başga bir kitabymda men Mesihde
iman boýunça durmuş we ösüş barada gürrüň berýärin. Şeýle hem
şeýtanyň usulyny, mesihä mesihilik durmuşda ýaşamagyna päsgel berýän
maksadyny beýan etdim. Mesihde öz şahsyýetimiziň berk häsiýetlerini
açyp görkezmek bilen, men iman boýunça nähili ýaşamalydygy, Mukaddes
Ruha laýyklykda nähili hereket etmelidigi, aňyňy täzelemek, duýgularyňy
gönükdirmek, aýratyn hem ynamyň we bagyşlamagyň üsti bilen duýgy
täsirinden nähili halas bolmalydygy hakda anyk ugurlar berýärin. Men
„Tümlügiň üstünden gazanylan ýeňiş“ atly kitabymy şu eliňizdäki kitap
bilen birlikde okamagyňyzy çyn ýürekden maslahat berýärin.
Ýeňişli mesihilik durmuşynyň beýleki kepilligi – mesihiniň azat­
lygydyr. Bu tema tutuş kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Pawlusyň ýazyşy ýaly, „… Mesihiň bize beren azatlygynda berk duruň,
gulçulyk boýuntyrygyny gaýtadan saldyrmaň“ (Galat. 5:1). Şu sözlerden
görnüşi ýaly, Hudaý biziň diňe bir azat bolmagymyzy islemän, eýsem bu
azatlygy ýitirmegiň howpludygyny hem duýdurýar.
Mesihe ynanmazdan öň, biz günäniň guludyk, emma Hudaýyň Oglunyň
haçda bitiren işi arkaly, indi günä biziň üstümizden höküm sürmeýär.
Şeýtan mesihilere eýeçilik hukugyny ýitirdi. Ol ýeňildi, emma ähli güýji
bilen bizi yzymyza yrmaga synanyşýar. Siziň mesihilik durmuşyňyzy
ýok etmek üçin oňa siziň günä bilen göreşde şowsuzlyklara baglanan öz
geçmişiňiziň ýesiridigiňize ynandyrmagy başartmaly. Bu ýalan, emma
siz entek hem muňa ynansaňyz, Mesihdäki hakyky azatlygy duýup
bilmersiňiz, ýogsam imanyňyz boýunça muny edindiňiz. Men kämillige
birbada ýetmek mümkin diýip hasap etmeýärin, emma halas bolmagyň
birbada gelýändigine berk ynanýaryn. Men müňlerçe adamy hakykat
taglymatynyň halas edendigini gördüm. Şeýtan ýalançylygyndan halas
bolan adam imanda şeýle çalt ösýär.
Siziň öňüňizde ýatan bu kitapda men ruhy gapma-garşylyklaryň tebiga­
tyny we olary çözmegiň ýoluny görkezmäge çalyşdym. Birinji bölümde
siz iman boýunça Mesihde nähili azatlyga, goraga we hökümdarlyga
eýedigiňiz hakynda gürrüň edilýär. Ikinji bölümde men şeýtan güýçleriniň
(doly hakykat!) täsirine düşmek howpy barada duýdurýaryn, çünki olar
sizi aldaw ýoly bilen halas bolmakdan mahrum etmek isleýärler. Üçünji
bölümde halas bolmak üçin Mesihe barýan ýol suratlandyrylýar. Munuň
kömegi bilen islendik aldaw torundan halas bolup bilersiňiz diýip çyn
ýürekden umyt edýärin.
Uzak garaşylan erkinlik
7
Ruhy ýesirlik bilen halas bolmagyň arasyndaky gapma-garşylyk
hakynda ähli zady doly şowly bolan adam tarapyndan ýazylan aşakdaky
hatda suratlandyrylýar. Ol Nensiden tapawutlylykda, ähli zady oňuna
bolupdyr: işi, maşgalasy we ybadathana durmuşy. Muňa garamazdan ol
halas bolmadyk eken.
Hormatly Nil,
Men düşündirip bolmaýan „psihiki häsiýetili“ hüjümlere sezewar
bolandygym üçin siziň bilen duşuşdym. Meniň duýgularymyň
durnuksyzlygynyň sebäbi degnama degýär, mümkin bu çagaly­
gymdaky gaýgy-aladalar: çagalygymda men gorkunç kinolar
gördüm, spiritik seanslarda oýnadym we ş.m. „Jadygöýüň gany“
atly kinony görenimde, hakykatdan hem garaňky dünýäden
meniňkä myhmanlaryň geljegine garaşandygym ýadymda.
Meniň kakamyň durnuksyz häsiýeti bardy, ol muny
gahar ody bilen beýan ederdi. Özüňi goramagyň instinktiw
serişdesi hökmünde mende dymmaklyk has uly orun tutdy,
men duýgularymy özümde saklaýardym. Ähli gapmagarşylyk ýagdaýlarda meniň diňe özüm günäkär ýalydym.
Ähli ýetmezçiliklerim we şowsuzlyklarym sebäpli özüme günä
ýüklemek bilen, men ulalanymda hem öz pikirimi üýtgetmedim.
Onsoň men Mesihi öz Rebbim we Halasgärim hökmünde kabul
etdim. Birnäçe ýyllaryň dowamynda ruhda ösýändigime gara­
mazdan, men kalbymda hiç doly rahatlygy duýup bilemokdym.
Menden has uzakda hem juda rehimsiz görünýän Hudaý bilen
meniň gatnaşygyma degişli şübheler hemişe meni yzarlaýardylar.
Maňa dileg etmek, Injili okamak, wagyzlary diňlemek agyr
düşýärdi. Durmuş meselesinde çynlakaý şübheler emele geldi.
Gijeler gorkunç düýşler görüp, sowuk der basyp oýanýardym.
Mesihde erkinligi men diňe siziň bilen bile dileg eden
wagtymyz gazandym. Men Hudaýyň rehimsiz däldigine, biparh
garamaýandygyna düşündim, tersine, Ony her bir üstünligime
begenip, söýýän Ata hökmünde göz öňüne getirdim. Nesil
boýunça maňa ata-babalarymdan galan şeýtan täsirinden dileg
üsti bilen halas bolanymda, men şeýle ajaýyp ýeňilligi duýdum.
Indi men Hudaýyň Sözüni okanymda, öňküden has oňat
düşünýärin. Reb bilen meniň gatnaşygym düýbünden üýtgedi,
8
Gandaly döwýänçi
durmuşa akyl ýetirmek has täsirli boldy. Siziň bilen duşuşanym­
dan soň, men bir gezek hem gorkunç düýş görmedim.
Nil, meniň pikirimçe, entek hem şeýtan güýjüniň täsirinden
nädip halas bolmalydygyny bilmän, „ümsüm gaýgy-hasratda“
ýaşaýan köp mesihiler bar. Eger ondan men halas bolan bolsam,
beýlekileriň hem halas boljakdyklaryna ynanýaryn!
Sizi çyn ýürekden hormatlamak bilen,
Etrabyň hökümet mekdepleriniň işlerini dolandyryjysy
Mümkin siz hem „ümsüm gaýgy-hasratda“ ýaşaýansyňyz? Mümkin sizi
hem gorky, gahar, kemsidilme, erbet gylyklar gaplandyr? Siz birhili
düşnüksiz sesler eşidýärsiňizmi? Siz günäli häsiýetiňizi üýtgedip
bileňizokmy? Islendik ruhy kynçylyk, şeýtan täsiriniň netijesi diýip
tassyklamak islemeýärin. Emma siz gara güýçleriň ýesiri bolýarsyňyz
diýen ynam bar, sebäbi olardan gelýän howpa üns bermediňiz. Biz
Mukaddes Ýazgydan Mesihiň şeýtan täsirinden doly azatlygy söz
berýändigini bilýäris. Muňa Nensiniň, etrap dolandyryjysynyň, başga-da
bu kitabyň sahypalarynda okajak köp adamlaryň ykbaly tassyklama
bolup durýar. Iň esasy zat, garaňkylykdan doly ýeňiş gazanyp, siziň
halas bolmagyňyzyň kepilnamasy Bolan bar: Gandaly Döwýän – Isa
Mesihdir.
1
GANDALY DÖW ÝÄNÇI
Umytdan düşmäň!
1
Siz garaňkylykda
ýaşamaga borçly däl
80-nji ýyllaryň ahyrynda maňa çuň ruhy, aň-huşy we duýgy krizisi
bilen ejir çekýän bir ýaş mesihi gyzyna maslahat bermek başartdy. Bir
gezek meniň bilen nobatdaky duşuşygyndan öň, ol Hudaýa hat ýazypdyr
(ol aşakda berlen). On minut geçenden soň, ol özüne kast etmeklige
synanyşypdyr, emma bagtyna, bu şowsuz gutarypdyr.
Mähriban Hudaý!
Sen nirede? Näme üçin Sen ähli zady görübem maňa kömek
etmeýärsiň? Meniň üçin ýaman erbet, Seniň üçin bolsa
parhy ýok. Sen meniň ejir çekmegimi bes etsediň ýa-da meni
öldürsediň. Men Seni söýýärin, ýöne Sen şeýle bir alyslarda.
Men Saňa ynanmaly, ýöne men Seni görmeýärin, eşitmeýärin
hem duýmaýaryn. Tersine, olary eşidýärin we duýýaryn. Olar bu
ýerde. Men Seniň bardygyňy bilýärin, ýöne häzir Saňa garanda,
meniň üçin olar has hakykat. Haýyş edýän, hiç bolmanda birini
maňa ynanar ýaly et! Näme üçin Sen meniň gaýgy-hasratymy
bes etmegi islemeýärsiň? Rebbim, Saňa ýalbarýan! Eger Sen
meni söýýän bolsaň, maňa ölmäge rugsat ber.
Azaşan goýun
Soňky ýigrimi ýylyň içinde özüni şu aýal ýaly duýýan ýüzlerçe mesihä
duşdum. Olaryň köpüsi öz janlaryna kast etmäge synanyşmandyklary
dogry, emma şunuň ýaly etmegi köpüsi niýet etdi. Olaryň hemmesi
diýen ýaly içki sesleriň (hatda „olar“) bardygyny boýun aldylar,
olar bularyň üstünden gülüp, bizar etdiler, günäkärlediler, synaga
Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl
11
saldylar, gorkuzdylar. Men köplenç öz ýanyma maslahata gelmekçi
bolýan adamlara içki sesiň muny etmezlige „yrýandyklaryny“
duýdurýaryn, menlik ýöňkemede pikirler peýda bolýar. („Men
gitmek islemeýärin“; „Men munuň ýaly etmäge eýýäm synanyşdym,
ýöne maňa kömek etmedi“ we ş.m). Bir adam maňa şeýle ýazdy:
„Her gezek men siziň bilen gepleşmäge synanyşanymda ýa-da şeýle
gürrüň barada ýönekeý pikir edenimde, nähilidir bir hili täze görnüş
emele gelýär. Men öz içimde siziň bilen gepleşmegimi gadagan
edip gygyrýan sesleri eşidýärin. Bu içki göreşe çydamagyň nähili
agyrdygy üçin, men hatda özüme kast etmek barada pikir etdim.
Maňa kömek ediň!“.
Beýleki mesihiler ses babatda şikaýat etmeýärler, ýöne hakyky
mesihi durmuşy düýbünden mümkin däl zat bolup, kellesinde bulambujarlykdan ejir çekýärler. Dileg edýän wagtynda olar birdenkä gündelik
işler barada pikir etmäge başlaýarlar, olar Injil ýa-da mesihi kitaplaryny
okaýan wagtlary pikirlerini birnäçe minutdan artyk jemläp bilmeýärler.
Rebbe haýsam bolsa bir ýol bilen gulluk etmek mümkinçiligini alandan
soň, olar sustupes bolmaga başlaýarlar. „Men ýeterlik güýçli mesihi
däl“; „Men Injili erbet bilýärin“; „Edil öňki ýaly meniň kelläme erbet
pikirler gelýär“; „Mende ruhy peşgeşler gaty az“, şunuň ýaly pikir
ýöretmeler olara rahatlyk bermeýär. Olar mesihi durmuşyny şatlykly
hem netijeli geçirip, Mesihde yzly-yzyna ýeňiş gazanmagyň deregine,
durmuşda zordan ýöräp, Isanyň gelmegine çenli iň soňky güýçleri
bilen „ýetmäge“ çalyşýarlar. Şunuň ýaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagyna
köplenç biziň özümiz günäkär, emma munuň sebäbi şeýtan güýçleri
bolup biler. Men ýüzlerçe adamyň şeýle güýçleriň täsirinden halas
bolandygyny bilýärin.
Ruhy ýesirligiň esasyna degişli ýoldan çykmaklygyň giň ýaýran ugry
Içki ses nireden peýda bolýar? Özüňi ýazgarmagyň we pikirleriňde
bulaşyklygyň gözbaşy nämede? Maslahatçy hökmünde gullugymyň
ilkibaşlarynda, edil bu soraglaryň dogry jogaplaryny bilmeýändigim
üçin, köplenç şowsuzlyga uçraýardym. Soňra maňa olary gözläp tapmak
başartdy. Mümkin siz hem häzir mesihä doly halas bolmagy gazanmaga
päsgel berýän ýalňyş düşünjelere duçar bolansyňyz?
Bu düşünjelere ser salalyň.
12
Gandaly döwýänçi
1. Mesihiň ýerdäki durmuşynda arwah-jynlar örän aktiw hereket etdiler,
emma häzirki zaman dünýäsinde olaryň hereketi diýseň gowşady.
Şunuň ýaly garaýşy bar bolan mesihileriň hakykatyň gözüne seretmegi karar
etmändiklerini aýdyp bolar. Hudaýyň Sözi hem, dünýäniň hakykylygy hem
şeýtanyň biziň döwrümizde hem ýokary aktiwdigi hakda şaýatlyk edýär. Täze
Ähtde mesihileriň munuň bilen göreşjekdikleri gönümel aýdylýar „Çünki biziň
söweşimiz… hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň
häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna garşydyr“
(Efesl. 6:12). Bu hatda resul Pawlus ruhy lybasy jikme-jik beýan edýär,
onuň kömegi bilen biz özümizi „şeýtanyň otly oklaryndan“ goramaly (13‑17
aýatlar). Pawlus Ikinji Korintoslylarda mesihileriň Hudaýyň bilimine garşy
aýaga galanlar bilen söweşýändiklerini belläp geçýär (2 Korintos. 10:3‑5).
Eger gara güýçler indi mesihileriň üstüne hüjüm etmeýän bolsa, onda näme
üçin Pawlus olar hakda ýazýar we olar bilen söweşmeklige çagyrýar?
Biziň eramyzyň birinji asyrynda Pawlusyň güýçler we häkimiýetler hakda
ýazanlary biziň günlerimizde hem, ýagny ýigrimi birinji asyryň bosagasyndada öz aktuallygyny ýitirenok. Muny „Täze Asyr“ hereketiniň, satanizmiň we
okkultizmiň meşhurlygy hem tassyklaýar.
Hudaýyň halkynyň gara ruhy güýçler bilen söweşi – bu diňe bir
mesihiligiň birinji asyrynda täsin hadysa bolman, eýsem häzirki zamanyň
talaby hem bolup durýar. Garaňkylyk patyşalygy şu günki günde hem
bar, şeýtan bolsa öňküsi ýaly biziň durmuşymyzy bela-betere öwürmek
isleýär. Ol Isa Mesihde iman boýunça bize degişli bolan güýç hem şatlyk
hukugymyzdan mahrum etmek isleýär. Bizde saýlamaga çykalga ýok, biz
gara güýçler bilen söweşmeklige sezewar bolýarys. Biziň ýeke-täk çözüp
biljek zadymyz, bu söweşiň nä derejede çynlakaý boljakdygydyr. Emma
men muny duýdurmaga borçludyryn: garaňkylyk patyşalygynyň güýjüni
çynlakaý kabul etmedik, iru-giç özüniň biparh bolandygy üçin tölemeli bolar.
2. Biziň psihiki keseller diýip atlandyrýanymyzy irki ybadathana
arwah-jyn eýelän diýýärdi.
Bir lukman maslahatçy arwah-jyndan ejir çekýän mesihi hakda şeýle
diýdi: „Onuň keseliniň gara güýçler bilen hiç hili dahyly ýok. Ol paranoidal
şizofreniýa keselinden ejir çekýär“. Dünýewi psihologiýa tarapynda
bolmak – bu keselleriň hakyky sebäbini açmagy aňlatmaýar. Paranoýa,
şizofreniýa, psihoz we ş.m. ýaly terminler, diňe daşky alamatlar bolup
durýan atlardyr. Emma bu alamatlary näme ýüze çykarýar? Newrologiki
ýa-da gormonal bozulmalarmy, ýa-da himiki disbalansmy? Lukmançylyk
Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl
13
tarapyndan bu problemalary barlamagyň gerekdigi gürrüňsizdir, emma
analizler hiç zady aýan etmese, onda bu problema – psihiki tarapdandyr.
Psihologiýa siz haýsy ugry saýlaýarsyňyz: Injilmi ýa-da dünýewi? Näme
üçin diňe az adam bu problemalar esasan ruhy taýdan diýip hasaplaýar?
Dünýewi psihologlaryň dünýägaraýşy materialistik akyl ýetiriş
bilen çäklenýändigi geň däldir, olar psihiki kesellere diňe hakyky ylmy
düşündiriş berýärler. Olaryň dünýägaraýşyna Hudaý, hasam – arwahjynlar girmeýär. Hatda köp mesihiler bolup geçýän zatlara berlen ylmy
düşündirişden ýüz öwürseler-de, özleriniň psihiki keselleriniň sebäplerinde
has hem psihologlara ynanýarlar. Ruhy problemalardaky häzirki ylmy
barlaglar nädogry däl-de, doly däl. Olar ruhy dünýäniň adama edýän
täsirini nazara almaýarlar, sebäbi häzirki barlag usullary bilen Hudaýy
hem, şeýtany hem äşgär edip bolmaýar.
3. Käbir ýüz öwürmelerde psihiki häsiýetler bar, emma käbirleri – ruhudyr.
Şunuň ýaly garaýyş adamyň kalby bilen ruhunyň arasynda araçäk
bardygyny çak edýärler, emma bu bütinleý beýle däl. Psihika degişli
bolmadyk içki ýüz öwürmeklik ýok, sebäbi bularyň islendigi biziň
aňymyzy, duýgymyzy we erkimizi özüne çekýändir. Şuňa meňzeşlikde,
ruhy kynçylygy bolmadyk kynçylyk ýok. Biziň Hudaýyň huzuryndan
halas bolup ýa-da Hudaýyň ruhy ýaragyny (lybasyny) özümizden
arkaýyn zyňyp biljek pursatymyz ýok. Häzir fiziki hakykata göz
ýetirmezden halas bolmak gullugy bilen ruhy aspektlerini äsgermezden
psihoterapewtiki gullugynyň arasynda çäk goýmak maksady bar.
Fuller Injil seminarlary boýunça Hoş habar mekdebiniň mugallymy d-r
Pol Haýbert şeýle tassyklaýar: „Tä mesihiler «Hudaý täsin hakykat bilen
çäklendirilen, hakyky durmuş bolsa özbaşdak ylmy kanunlar boýunça
ýaşaýar» diýen düşünjä esaslanan dünýäniň suratyny kabul edýänçäler,
mesihilik has hem dünýewi bolar“.1 Eger siz Hudaýyň bu dünýäde
adamyň kynçylyklaryna täsir edýändigi hakyndaky pikir bilen ylalaşmaýan
bolsaňyz, onda siziň ortaça dünýä akyl ýetirişiňiz kämil bolmaz, iň ýokary
derejesindäki akyl ýetirişiňiz bolsa, hakykatyň çyn keşbini güýçli ýoýar.
4. Arwah-jynlar mesihilere kär etmeýär.
Häzirki zaman Hoş habarçylarynyň arasynda has giň ýaýran düşünje
mesihiler arwah-jynlaryň häzirki tabynçylygynda bolmagy mümkin
däldiginden ybaratdyr. Hatda adamda arwah-jyn bar diýen yşarat hem
duýdansyz täsir edijiligi ýüze çykarýar:
14
Gandaly döwýänçi
„Ýok, mümkin däl! Men — mesihi ahyryn“.
Barlagda ruhy ýüz öwürmeklige garanda, kynçylyga şunuň ýaly ýalan
düşünmekden has zyýanly zat ýok. Eger şeýtan ybadathana çozuş etmäge
ukypsyz bolsa, onda näme üçin bizi Hudaýyň ýaragyny dakynyp, şeýtana
garşy durmaklyga, ynamda durup, hüşgär bolmaklyga çagyrýarlar?
Eger şeýtan bize hiç hili erbetlik edip bilmeýän bolsa, onda näme üçin
Pawlus gara güýçler bilen biziň gatnaşygymyzy göreş hökmünde, gapmagarşylyk hökmünde beýan edýär? Pozisiýanyň iň gowşak ýeri hem
duşmanyň güýjüne baha berip bilmezlikdir. Biziň „şeýtanyň otly oklaryna“
gowşaklygymyz hakyndaky gürrüň kitabyň ikinji bölüminde beýan edilýär.
5. Arwah-jyn täsiri diňe iň soňky tapawutly häsiýetlerde ýa-da agyr
günäler edilende ýüze çykýar.
Lukanyň Hoş Habarynyň 8-nji babynda suratlandyrylyşy ýaly, şu günki
günlerde hem jyny bar adamlara duşmak bolýar, emma arwah-jyn
täsirinden ejir çekýän köp mesihiler ýuwaş adaty durmuşda ýaşaýarlar.
Munuň bilen olar özara gatnaşykda we şahsy häsiýetde çekip-çydap
bolmajak kynçylygy başdan geçirýärler. Adaty düşünjä görä, diňe ganhoryň
nobatdaky adam öldürmesinde we jyns was-waslygy hereketinde şeýtan
bar diýlip hasaplanýandygy üçin, bu mesihiler özlerinde bir zadyň
„näsazdygy“ babatda aňk-taňk bolup ýaşaýarlar.
Şeýtanyň iň esasy we iň güýçli ýaragy – ýalançylykdyr. Pawlus: „Bu
geň zat däl, sebäbi, şeýtanyň özi-de nur perişdesiniň keşbine girýär.
Şonuň üçin onuň gullukçylary-da dogrulyk gullukçylarynyň keşbine girse,
bu uly bir zat däldir, olaryň soňy işlerine görä bolar diýip duýdurýar
(2 Korintos. 11:14, 15). Bütewilik hökmündäki ybadathananyň täsirliligine
päsgel berýänler sany kän bolmadyk däli-diwana adamlar däl-de, „gowy“
mesihileriň durmuşyna şeýtanyň ýalan ornaşmasydyr. Meniň ruhy gapmagarşylyga bagyşlanan seminaryma gatnaşan bir mesihi psihoterapewt
şuny boýun aldy: „Men siziň seminaryňyza gatnaşmazdan öň, hiç
haçan durmuşda şeýtanyň bardygynyň subutnamasyny görmändim. Öz
syrkawlarymyň ýanyna dolanyp, olaryň üçden ikisiniň şeýtan tarapyndan
aldanandygyna we şol sebäpli olaryň kynçylyklary çekýändiklerine göz
ýetirdim. Baryndan beter hem özümiň-de aldanandygyma düşündim!“.
6. Mukaddes güýjüň kömegi bilen ruhy ýesirlikden azatlyga çykyp bolar.
Ruhy azatlygy güýjüň kömegi bilen däl-de, hakykatyň kömegi bilen
gazanyp bolar. Şeýtan – ýalançy, ol ähli güýji bilen toslama adyny
Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl
15
saklamaga çalyşýar. Hudaýyň Sözüniň hakykaty onuň ýalançylygyny paş
edýär, onuň arwah-jyn ýaranlary bolsa yşykdan gaçýan tarakanlar ýaly
dargaýarlar. Şeýtanyň güýji – ýalançylykda, şonuň üçin hem şol pursat
ol hakykat bilen sataşanda, şeýtanyň pyrryldagynyň soňuna çykylýar.
Çagalykda men kakamyň fermasynda ýaşadym. Biziň goňşymyz bardy,
biz (kakam, doganym we men) onuň işlerine kömekleşýärdik. Fermerde
kiçijik ýarak güjük bardy, men ondan öler ýaly gorkýardym. Haçanda ol
bizi wowwuldap üýrüp, üstümize zyňyp, garşy alanynda, kakam bilen
doganym öz ýerlerinde butnaman durýardylar, men bolsa gaçmaga
başlaýardym. Güjügiň kimiň yzyndan ylgaýandygyny bilmek kyn däldi.
Onuň kowalamagyndan halas bolmak üçin men ýük maşynymyzyň
üstüne çykýardym, ol bolsa ýerden maňa üýrüp durardy.
Özümiň näçe ýol bersem, şonça-da bu „ýyrtyjynyň“ elinde
bolýandygyma, menden başga hemmeler düşünýärdiler. Güjügiň meni
maşynyň üstüne zyňmaga güýji ýokdy, men özüme bolan ynamyň güýjüne
görä ol ýere özümi zyňýardym. Güjük meniň aňymy, duýgularymy,
erkimi we fiziki güýjümi ulanýardy, sebäbi meni gorky gaplap alýardy.
Ahyrsoňy, ajaýyp günleriň birinde men maşyndan ýere düşdüm we güjük
tarapa kiçijik bir daşy zyňdym. Ol ýazzyny berdi!
Şeýtan hem şu galmagal turuzýan güjüge meňzeýär. Ol adamlary
aldaw ýoly bilen Hudaýa garanda özünden has köp gorkmaklaryny
mejbur edýär. Onuň güýji – ýalançylygynda, onuň özi – ýalanyň atasy
(Ýahýa 8:44), bütin dünýäni azdyrýan (Ylham 12:9). Netijede bolsa
ýalançylygyndan ýaňa bütin dünýäniň onuň goly astyndadygyny bilýäris
(1 Ýahýa 5:19). Ol Mesihiň beren peşgeşini sizden alyp bilmeýär, emma
ol sizi ýalan görkezmeler bilen yryp bilse, onda siz köp wagtyňyzy
„maşynyň üstünde“ ýitirmekden gaçyp bilmersiňiz. Onuň täsirinden
halas bolmak üçin güýç ulanmak gerek däl. Şeýtany hakykat ýeňýär.
Hudaýyň Sözüne ynanyň, ony wagyz ediň, onuň esasynda hereket
ediň. Şeýlelik bilen siz şeýtanyň niýetlerini ýok edersiňiz.
Muňa düşünmeklik meniň ruhy soraglar boýunça maslahatçy hökmündäki
işimi düýpgöter üýtgetdi. Öňler jyn uran adam bilen duşuşanymda,
güýç ulanmaga dyrjaşýardym. Müşderi galagoply ýagdaýa düşýärdi,
otagdan gaçýardy ýa-da barýan ugruny ýitirýärdi, men bolsa arwahy öz
hökümdarlygyma boýun egdirmäge çalyşýardym. Ilki men arwah-jynyň
özüni äşgär etmegini mejbur edýärdim, soňra bolsa oňa adamdan çykmagyny
buýurýardym. Şeýle usul müşderi üçin örän güýçli we ýakymsyz aladalary
emele getirýärdi, mundan başga-da, düzgün boýunça bir seans ýeterlik däldi.
16
Gandaly döwýänçi
Mukaddes Ýazgynyň esasyna we öz şahsy tejribäme görä, güýjüň däl-de,
hakykatyň halas edýändigine ynandym. Şeýtanyň güýji – ýalançylykda,
mesihiniň güýji bolsa özüniň eýe bolan hakykat bilimindedir. Biz güýje
däl-de, hakykata yhlas etmeli.
Adamyň ruhy ýesirlikden halas bolmagy meniň ruhany ýa-da maslahatçy
hökmünde bir zatlar etmegime bagly bolman, eýsem meniň kömegim bilen
adamyň özüniň bir zatlar etmegindedir. Gandallar meniň ynamymyň dälde, müşderiniň ynamynyň hereketi astynda döwülýär. Esasy zat – müşderi
nämä iman edýär, nämä toba edýär we nämäni bagyşlaýar. Mukaddes
Ýazgyda „hakykat“ düşünjesiniň ýuwaş-ýuwaşdan açylyşyna üns beriň:
„Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder“ (Ýahýa 8:32).
„Men – ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn“ (Ýahýa 14:6).
„Emma Hakykat Ruhy gelende, Ol size bütin hakykata tarap
ýol görkezer“ (Ýahýa 16:13).
„Olary dünýäden almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy
dileýärin… Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň
hakykatdyr“ (Ýahýa 17:15, 17).
„Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk
sowudyny geýiň“ (Efesl. 6:14).
„Mahlasy, eý doganlar, dogry, … näme bar bolsa, siz şol hakda
oýlanyň“ (Filipil. 4:8).
Irki ybadathanalarda Hudaýyň birinji jezasy juda pajygaly bolupdyr (Res.
Işl. 5-baba ser.). Näme sebäpli ony etmeli boldy: azgynçylyk, ogurlyk,
ýigrenç sebäplimi? Ýok. Sebäp ýalançylykdady. Hut şonuň üçin hem
Petrus Hananýa bilen Safiradan şeýle diýip soraýar: „Hananýa, şeýtanyň
«Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň bir bölegini özüňe al»
diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň?“ (3‑aýat). Hudaý eger biz
şeýtanyň aldawyna ynansak, onuň bilen ýaşajakdygymyzy düşündirdi,
mesihi bolsak hem bu bizi döwýär. Şonuň üçin hem biziň «her pikiri Mesihe
boýun bolmaga ýesir etmegimiz» örän zerurdyr (2 Korin. 10:5). Eger maňa
haýsam bolsa bir ybadathana ýa-da başga birleriniň maslahatyna girip,
aldaw ýoly bilen gatnaşyjylary ýalan zada ynandyrmak başartsa, onda men
olaryň hereketleriň üstünden doly gözegçilik edip bilerin. Şeýtan hem şunuň
ýaly hereket edýär. Biziň işimiz – onuň ýalançydygyny paş etmekdir.
Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl
17
Ýesirlikden halas bolmak
Isa bilen şägirtleriň geçiren halas etmek gullugyna garşy çykyşlaryň iň köp
ýaýrany bu oňa resullaryň hatlarynda doly ýeterlik çykgytlaryň ýoklugyn­
dan ybaratdyr. Maňa bu mowzuga başgaça düşündiriş bermäge, şeýtan
täsirine duçar bolan bize näme etmelidigini we şunuň ýaly adamlara nähili
gulluk etmelidigini aýtmaga rugsat ediň.
Mesihiň haçda bitiren işinden öň, şeýtan ruhlarynyň üstünden höküm­
darlyk diňe Isanyň Özüne we Hudaýyň güýji bilen paýlanan on iki şägirde
degişlidi. Emma Golgofdan soň ruhy gapma-garşylyklaryň tebigatyny
hemişelik üýtgeden bir zatlar bolup geçdi. Birinjiden, haçdaky ölüm we
direliş arkaly Mesih „Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy,
olary haçda ýeňip, açykdan-açyk paş etdi“ (Kolos. 2:15). Haçdan öň „gökde
we ýerde ähli hökümdarlyk“ entek Mesihe degişli däldi. Emma Mattanyň
Hoş habaryndan Mesih direlenden soň ony doly alandygyny bilýäris (Matta
28:18). Hajyň kämil güýji bilen şeýtan ýeňildi we kim Mesihde bolsa, onuň
üstünden şeýtana hökümdarlyk etmek mahrum edildi. Mesihiň hakykatdaky
ýeňşine we şeýtanyň ýeňlendigine ynanmak bilen – duşmanyň azdyrmak
hem gorky täsiri ýetmeýän ýola ilkinji ädimimizi ätleýäris.
Ikinjiden, Mesihiň ölüminden we direleninden soň, her bir mesihi Onda
direlýär we Onuň bilen bile gökde oturýar (Efesliler 2:5, 6). Indi size öz
hökümdarlygyňyzdan ulanmak üçin ýene-de birinden soramak gerek däl,
Hudaýyň mesh eden Isa Mesihiň eýeleýän ähli hökümdarlygyna siz hem
şäriklik edip bilersiňiz. Şeýtana garşy durmak üçin sizden Mesihdäki
hökümdarlyga düşünmek we ulanmak talap edilýär. Mesihi hökmünde
siz azatlygy Hudaýdan alýarsyňyz. Pawlus bu hakda şeýle ýazýar:
„Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukaddeslerdäki mirasynyň
şöhratly baýlygyny, biz iman edenlerde bolan güýjüniň biçak
uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri aýdyňlansyn diýip doga
edýärin. Bu güýç Mesihi ölümden direldip, Gökdäki älemlerde Öz
sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda işleden güýçli gudratynyň
işleýşine meňzeşdir. Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan,
gudrat we häkimiýetden, diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek
döwürde-de tutuljak her atdan has belentdir“ (Efesliler 1:18‑21).
Babyň başynda mysal getiren hatymdaky aýalyň edişi ýaly, şeýtanyň
çozuşlary sizi agyr ýagdaýyňyz bilen ylalaşyp, öz-özüň çetleşip gitmek
18
Gandaly döwýänçi
islegini döredýär. Isanyň jyn uran adamlary birbada halas edişi ýaly, Hudaýyň
gudrat bilen halas etmegi üçin, siz Oňa dileg etmäge başlaýarsyňyz.
Emma resullaryň hatlaryny okanyňyzda, Mesihiň haçda bitiren işiniň üsti
bilen Onuň sizi eýýäm halas edendigi aýdyň bolýar. Pawlus öz dileginde
hut şu Hoş Habary paýlaşýar. Eger siz Mesihiň ýagtylygynda ýaşasaňyz,
mundan beýläk garaňkylyga üns bermek hökman däl.
Emma öz hökümdarlygyňy ulanyp, şeýtana garşy durmak jogap­
kärçiligi diňe size bagly bolup durýar. Şeýtana siz garşy durmaly, onuň
pyrryldaklaryna gatnaşmakdan ýüz öwürmeli, öz günäleriňi toba edip,
göwnüňize degenleri bagyşlamaly. Halas bolmaklyga ädilen bu ädimler
hakda kitabyň üçünji bölüminde gürrüň berilýär.
Özüni „azaşan goýun“ atlandyran aýalyň ahyrsoňy Hudaýyň Sözi bilen
ylalaşmagy başarandygyny aýtmak gerek. Betbagtlyk hatyny ýazanyna
dört ýyl geçenden soň, ol başga bir hat ýazdy, ol birinji hatyň jogabydy.
Bu hatda ol Hudaýyň biz hakdaky Mesihde aýan bolan aladalaryna täze
garaýşyny beýan edýär. Hat Mukaddes Ýazga esaslandy. Ony okaň, goý,
ol kalbyňyzyň garaňkylyk böleklerini nurlandyrýan umyt şöhlesi bolsun.
Mähriban azaşan goýnum,
Sen Meniň nirededigimi soraýarsyň. Balam, Men seniň bilen we
Men hemişe seniň ýanyňda bolaryn, seniň öz-özüň gowşaksyň,
emma Mende sen güýç bilen doldurylansyň. Men seni şeýle bir
söýýän weli, seniň ölmegiňe ýol berip bilemok. Men saňa şeýle
bir golaý, seniň duýýan ähli zatlaryňy duýýaryn.
Men saňa nähili agyrdygyny bilýärin, sebäbi Maňa hem agyr.
Emma Men seni halas etdim, sen imanda berk durmalysyň.
Meniň duşmanlarymdan halas bolmak üçin saňa fiziki ölmek
gerek däl, diňe Meniň sende, seniň hem Mende ýaşamagyň
üçin, Maňa haça çüýlenmegiň gerek. Men seni hakykat ýoluna
ýollaýaryn. Balam, Men seni söýýärin we seni hiç haçan ýeke
taşlamaryn, çünki hakykatdan hem sen – Meniňkisiň.
Söýgi bilen Hudaý
2
Häzirki zaman
durmuşdaky ýaşaýyş.
„Kempus Kruseýd for Kraýst“ guramanyň çakylygy boýunça, soňky
ýyllarda men Günorta Kaliforniýanyň şäherlerindäki uniwersitetlerinde
birnäçe gezek çykyş etdim. Uniwersitetlerde paýlanan çakylyklarda
adamlara täsir edýän şeýtan güýçleri baradaky leksiýa gatnaşmak
hödürlenýärdi, emma ýygnagyň baş maksady mesihileriň Mesihdäki
hökümdarlygy hakynda gürrüň bermekdi. Her bir ýygnakda birnäçe
ýüz adamyň gelmegi meni geň galdyrdy, sebäbi olar işsiz entäp
ýören däldiler we gyzgyn gürrüňdeşlikde çykyş etmeklige niýetlenen
şeýtançylar däldiler (ýöne şonda-da bir gezek şeýtançylar ýygnanyp,
gimn aýtdylar), emma köpüsi hakykatdan hem gyzyklanýan adamlardy.
Nil Andersonyň okaýandygy üçin meniň leksiýalarymyň meşhurlygyny
düşündirip bolanokdy, çünki talyplar meniň kimdigimi bilenokdylar.
Mesihiler jynlaryň bardygy ýa-da ýokdugy hakynda pikir edýänçäler,
olaryň mesihi däl döwürdeşleri geň galdyryjy oýlanşyksyzlyk bilen
ruhy sferany barlamaga okdurylýarlar. Günbatar dünýäsiniň aňynda
bir hili üýtgeme bolup geçýär: „Täze asyr“ hereketi örän meşhurlyga
eýe boldy, parapsihologiýa ylma deňleşdi, şeýtançylyk medeniýete göni
täsir edýär… 60-njy ýyllaryň başynda amerikan kontinentinde gündogar
dinleriň ornaşmagy bilen „Täze Asyryň“ syrlylygy güýç ýygnap, 80nji ýyllarda Şerli MakLeýn ýaly meşhur adamlar tarapyndan („Dancing
in the dark“, we „Out on a Limb“) ýaýradyldy. Bu gün telewizorda
özleriniň ruhy-ýolbaşçylary (arwah-jynlary) bilen öwünýän jadygoýleriň
gatnaşmagyndaky tok-şoulary görmek endige öwrüldi diýen ýaly.
Emma „Täze asyr“ hereketi käbir adamlarda diňe bir şol pursatdaky
gyzyklanma bolman, bu tutuş bir filosofiýa bolup, özüne biznesde we
pedagogikada , hatda dindarçylykda ýol açýar. Bu hereketiň ýygnagyna
gatnaşyjylara has giň düşünmek maksady bilen, men golaýda iki
20
Gandaly döwýänçi
talybymdan muňa gidip görmegini haýyş etdim, ol uniwersitetden
iki kwartal aňyrda bolýardy. Oglanlar razylaşdylar, emma binanyň
agzynda muňa girmek üçin 65 amerikan dollarynyň gerekdigini bildiler.
Olar yzlaryna dolanyp gaýtmak islediler, emma iki sany adam gelip,
olara iki petek berdi. „Bulary size mugt bermegimizi aýtdylar“ diýip,
olar düşündirdiler. Geň galmak bilen meniň talyplarym petekleri alyp,
binanyň içine girdiler. Soňra olar bu ýygnagy geçirýän ýolbaşçynyň
adamlara meditasiýany öwredendigini gürrüň berdiler. Ol gatnaşýanlaryň
her birinden öz gapdalyndan ruh-öňbaşçysynyň barýandygyny duýmagy
sorapdyr. Gönükme şeýle sözler bilen gutarypdyr: „Indi ruh-ýolbaşçydan
öz içiňize girmegini soraň“. Bu gürrüňi eşidip, men öz gulaklaryma
zordan ynandym: Baýola uniwersitetinden bary-ýogy iki kwartal aňyrda
şeýtan adamlaryň kalbyny ýesir alýar!
Dünýäniň ikitaraplaýyn şekili
Günbatar dünýä bu gün hakykaty iki derejede göz öňüne getirýär. Ýokarky
dereje – akyl ýetirip bolmajak dünýä, ruh bilen ornaşan, diniň we mistikanyň
üsti bilen tanalýan. Aşaky dereje – material dünýä, duýgy organlarynyň
we ylmy barlaglaryň kömegi bilen empirik kabul etmeklikdir. Ikitaraplaýyn
ylalaşyk ruhy dünýä bu hakyky dünýä hiç hili täsir etmeýär diýip çaklaýar.
Hudaýlygy we psihologiýany birleşdirmäge köp synanyşyklar diňe Hudaýy
hem-de heläk bolan we toba eden adamy kabul etmeklige esaslanandyr.
Şeýtanyň işi we onuň arwah-jynlary hasaba alynmaýar.
Hudaýyň we ruhy güýçleriň akyl
ýetirip bolmaýan dünýäsi
Din
Galýan ortalyk
Hakykaty duýgy taýdan kabul
edýän tejribeli dünýä
Ylym
2a surat
Günbatarda kabul edilen bu sekulýar (dünýewi) garaýyş bütin dünýäniň
üçden iki ilatynyň hakykata gündogar düşünjesini saklamagy bilen
gös-göni garşylykda bolup durýar. Muňa laýyklykda adamyň gündelik
Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.
21
durmuşyna ruhy güýçler täsir edýär. Bu adamlar hudaýlaryna parahatlyk
gurbanlyklaryny berip, özlerine çekýärler we erbet ruhlary kowmak üçin
däp-dessurlary berjaý edýärler. Üçünji dünýäniň ortaça adamy üçin,
ylymdaky we tehnikadaky üstünliklere garanda, dini däp-dessurlar we
yrymlar uly praktiki ähmiýete eýedir.
Günbatar ruhunda terbiýelenen biz gündogara garanda biziň
siwilizasiýamyz „has“ ösendigine esaslanyp, gündogar ugry ret etmek
isleýäris. Emma Günbatar ýaly, Gündogar hem – Injil dünýägaraýşyny
beýan etmeýän dünýä sistemalarydyr.
Bu iki derejäniň arasynda d-r Pol Haýbertiň „Ýatdan çykarylan
aralyk“ diýip atlandyran – Ýerde hereket edýän ruhy güýçleriň hakyky
dünýäsi ýerleşýär. Biz „ýatdan çykarylan aralygy“ öz dünýägaraýşymyza
goşmaga borçludyrys.
Ikitaraplaýyn dünýägaraýşyň günbatar mesihilerine täsir edýändigini
beýan etmek bilen men Di atly ýaş zenan hakynda gürrüň bermekçi, ol
bir ruhanynyň gyzydy. Dide ýaýran skleroz keseliniň alamatlary ýüze
çykypdyr. Bu hakda eşidip, men Diýe we onuň ene-atasyna çuňňur
gynanç bildirip bardym. Maýybyň durmuşynda şatlyk az bolýar. Men
Diýiň sagalmagy üçin dileg etmäge başladym, emma oňa ýene başga
bir zat etmelidigim baradaky duýgy meni öz erkime goýmady. Birnäçe
wagtdan soň maňa Di bilen ikiçäk gürleşmek mümkinçiligi boldy.
– Sende keseliň ilkinji alamatlary haçan peýda boldy? – diýip, men
gyzyklandym.
– Ilkinji ýakymsyz duýgular men Rebbe wepaly bolmak üçin dileg
edenimde ýüze çykdy – diýip, Di jogap berdi.
– Bu dilegde esasy zat nämedi?
– Men biraz gynanýardym, sebäbi men ene-atamyňky ýaly ruhy
kämillige ýetip bilmändim. Şol gün men 2-Korintoslylaryň 12-nji baby
boýunça dileg etdim, onda Pawlus bedenindäki tiken hakda aýdýar.
Pawlus Hudaýyň gudratynyň ejizlikde kämilleşýändigini aýtdy, men hem
şol gudratyň özümde peýda bolmagyny isledim. Şonuň üçin hem men
Hudaýdan maňa bedenime tiken bermegini soradym.
– Sen Hudaýdan bedeniňe tiken bermegini soradyňmy? – diýip, men
geň galýandygymy gizlemäge çalyşdym.
– Hawa.
– A sen onuň nähili tikendigini bilýäňmi?
– Mümkin, haýsydyr bir beden keseli, şeýle dälmi?
– Onuň anyk nämedigi bize aýdylmaýar, emma muňa garamazdan,
22
Gandaly döwýänçi
onuň „şeýtan perişdesidigini“ (2 Korintos. 12:7) anyk bilýäris, ýagny
şeýtanyň iberen arwah-jyny. Pawlus ol hakda hiç haçan soramady. Mundan
başga hem ol arwah-jyndan halas etmegi üçin Hudaýa üç gezek dileg
etdi. Di, meniň göwnüme bolmasa, şeýtan seniň Mukaddes Ýazgydan
ulanmadyk dilegiňden peýdalandy we saňa ýaýran skleroz iberdi. Men
senden tutanýerlilik bilen haýyş edýän, kesel hakyndaky haýyşyňdan ýüz
öwür we şeýtanyň täsirinden halas etmegi üçin Hudaýa dileg et.
Di ylalaşdy, biz ikimiz bile dileg etdik. Gowulaşan alamatlar derrew
bildirdi. Basym keseliň alamatlary doly gitdi diýen ýalydy we ol adaty
durmuşa tarap öwrülmegi başardy. Dogry, birnäçe aýdan olar ýene-de
dolandy, bu gezek men onuň bilen şeýtan täsirinden halas bolmagyň
proseduralaryny doly geçirmeli boldum, bu hakda kitabyň üçünji
bölüminde gürrüň berilýär. Häzir Di doly suratda azat.
Atasynyň gyzynyň keseline bolan garaýşy, durmuşy ylym boýunça kabul
edýän köp günbatar mesihileriniňki ýaly häsiýete mahsus boldy. „Diýiň
keseliniň ruhy sebäpleriniň bardygy hakda men pikir hem etmeýärdim“
– diýip, ol boýun aldy. Şu sebäbe görä, köp adam Diýi şeýtan täsirinden
halas bolmak arkaly däl-de, adaty ýol boýunça sagalan hasaplaýar.
Ruhy dünýäniň material dünýä täsir edýändigini bize hiç kim
öwretmedi, eneden doglalymyz bäri bize munuň tersine aýdýarlar. Köp
mesihiler ruhy öz dünýägaraýyşlaryndan düýbünden aýyrýarlar, ýa-da
öz durmuşlaryna ony täsir edip bilmeýän hasaplaýarlar. Olar islendik
keselleriň alamatlarynyň, şol sanda arwah-jyn uranlaryň hem edil Didäki
ýagdaý ýaly özüniň hakyky sebäbi bolmaly öýdýärler. Şeýdip, olar
özlerini Hudaýyň güýjünden mahrum edýärler.
Maddy we ruhy dünýäniň çatrygyndaky durmuş
Mesihilik dünýägaraýşynyň esasynda biziň medeniýetimiz ýa-da şahsy
tejribämiz däl-de, Mukaddes Ýazgy dur. Material dünýäde adatdan
daşary ruhy güýçleriň hemişe hereket edýändigi Mukaddes Ýazgyda
anyk aýdylýar. Mysal üçin, Markusyň Hoş Habarynda ýatlanylýan
gutulyşlaryň dörtden bir bölegi – bu jynlary kowmak. Lukanyň Hoş
Habarynda Isanyň bir aýalyň içinden «ejizlik ruhuny» kowandygy hakda
aýdylýar, onuň keseliniň sebäbi 18 ýyllap içindedi (Luk 13:11, 12).
Men şeýtan täsirinden halas bolanyndan soň, edil Di ýaly fiziki
keselinden gutulyp giden köp adamlara duş geldim. Keseliň iň köp
Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.
23
ýaýran alamaty, meniň duş gelen şu kesellerimdir – bu kelle agyry,
baş aýlanmak we umumy ýarawsyzlyk. Ç. Fred Dikason „Arwah-jynyň
eýelemegi we mesihilik“ kitabynda arwah-jynyň täsiri astynda ýaýran
skleroz keselinden ejir çeken aýal hakynda gürrüň berýär.1 Dikasonyň
beýan eden ýagdaýy maňa Di bilen geçiren tejribämi ýatladýar. Ol aýal
arwah-jyn täsirinden azat bolandan soň, skleroz keseliniň alamatlary
ýok bolupdyr. Birnäçe aýdan soň alamatlar ýene peýda bolanda, ol
aýalyň özi ondan baş alyp çykypdyr.
Men her bir keselli arwah-jyn bilen bagly diýip aýtmak islämok.
Şeýle pikir etmek – dünýäniň hakyky tarapyndan aýrylyp, transsendent
oblastyna gitmekdir. Emma men köp mesihileriň fiziki keselinden halas
bolup bilmeýändigini, munuň hem sebäbi olaryň keseliniň özeni – ruhy
taýdandygyna ynanýaryn.
Isa bizi bu „dünýäde“ galdyrdy (Ýahýa 17:11), Ol muny „ýamanlygyň
Gökdäki ruhy gudratlaryna garşy“ göreşmegimiz üçin etdi (Efesl. 6:12)
– biz şeýle hakykatda ýaşaýarys. Ýerde adatdan daşary güýçler hereket
edýär. Material dünýäde ýerleşýändigimize garamazdan biz ruhy söweşe
gatnaşýarys. Ruhy we material dünýäniň arasynda hakykatda däl-de,
diňe biziň dünýägaraýşymyzda aýdyň araçäk bar.
Hudaýsyz ruhlulyk
Soňky üç on ýyllykda Günbatarda dünýäde ylmy taýdan öwrenip
bolmaýan we duýgy organlarynyň duýup bilmeýän bir zadyň barlygyna
düşünip başladylar. Şunuň ýaly düşünjedäki ilkinji garaýyş mesihilere
diňe kanagatlanarly bolup görünmegi mümkin, emma materialistik dün­
ýägaraýyşdaky lapykeç adamlar ornaşan dini formalardan hem köplenç
närazy bolýarlar. Mesihe we Onuň ybadathanasyna üns bermegiň
deregine, olar parapsihologiýanyň, holistiki medisinanyň, gündogar mis­
tikanyň we „Täze asyr“ hereketiniň birleşdiren köp sanly kultlaryň häzirki
zaman geýmini geýnen okkultizm bilen ruhy boşlugy doldurýarlar.
Hudaýa ýüz tutmazdan ruhy zerurlyklary kanagatlandyrmak synagynda
hiç hili täzelik bolmaz. Özüniň ýerdäki gullugy wagtynda Mesih hemişe
ýahudaçylygyň dünýewi düşünjesi bilen çaknyşdy, bu düşünje Ybraýymyň,
Yshagyň we Ýakubyň Hudaýyna bolan ynama däl-de, däp-dessur hormatyna
esaslanypdyr. Ysraýylyň dini ýolbaşçylary Isany Mesih hökmünde kabul
etmediler, Onuň – özleriniň ruhy Halasgäridigine ynanmadylar. Olar
özleriniň duşmany bu dünýäniň şasy bolup durýan şeýtan däl-de, Rimdir
24
Gandaly döwýänçi
öýtdüler. Emma Reb keýsaryň däl-de, şeýtanyň işini ýok etmek üçin geldi
(1 Ýahýa 3:8). Haçanda Mukaddes Söz jan – ten bolanda, Ol ruhy we
material dünýäni bütewi edip birleşdirdi (Ýahýa 1:14).
Bu gün hem, şol zamandaky ýaly, dünýewi dünýägaraýşyň merkezinde
ynsanyýet „men“ ýerleşýär. Men mundan näme peýda görýärin? Kim
maňa kömek eder? Özüme ýaraýan zady edýärin. Hatda mesihiler hem
köplenç şahsy gedemligi we tekepbirligi bilen hereket edýärler. Resul
Petrusyň durmuşyndan meşhur bir parça – adamda diňe özüni bilmeklik
bilen Mesihiň hatyrasyna özüňden ýüz öwürmekligiň arasyndaky göreşiň
ajaýyp nusgasydyr. Ol Isany Mesih we diri Hudaýyň Ogludygyny – esasy
mesihiçilik hakykatyny – tassyklanyndan birnäçe minut geçenden soň,
garaňkylyk güýçleriniň tarapynda bolýar (Matta 16:13‑23). Haçanda Isa
Özüne Iýerusalimde garaşýan ejir çekmeler we ölüm hakda şägirtlerine
wagyz edende, „Petrus Ony bir çete çekip: «Ýa Reb, Hudaý saklasyn!
Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy
çykdy“ (22‑aýat). Isa oňa: „Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa päsgel
berýärsiň, çünki sen Hudaý işlerini däl-de, ynsan işlerini oýlanýarsyň“
diýip jogap berdi (23‑aýat).
Şeýle wagyz birbada düşnüksiz bolup görner. Emma Halasgäriň sözi
Petrusyň bermäge synanyşan maslahatynyň häsiýetini we durkuny doly
suratlandyrýar. „Islendik bahany töläp, Özüňi halas et. Ten durmuşyňy
halas etmegiň hatyrasyna mesihilik çagyryşy, egoistik bähbitleriň üçin
borjuňy gurban et.“ Petrusyň maslahaty şeýtan tarapyndandy, sebäbi
şeýtanyň baş maksady – adamlary tekepbirlik isleglerini amala aşyrmak
ynsanyýet durmuşynyň maksadydyr diýip ynandyrmakdyr. Ynsan
aslynyň duşmany gazaba münüp töhmet atýar: „Ähli adamlar ýüreginiň
töründe – tekepbirdirler, her kesi satyn alyp bolýar. Käbiri beýlekä
garanda uzagraga gider, emma ahyrsoňunda ählisi Hudaýyň islegini dälde, öz şahsy islegini amala aşyrmagy niýet ederler“.
Bu – şeýtanyň ynamy, emma gynansagam köp mesihiler muny öz
ýaşaýyş obrazynda berkidýärler. Şeýtana olary öz-özüne gulluk edýärler
diýip yrmak başartdy, emma hakykatda olar dünýä, tene we şeýtana
gulluk edýärler.
Mesihilik dünýägaraýşyň esasynda gumanizm hem däl, özüňe „maňa“
gulluk etmek hem däl-de, başga bir zat ýatyr. Mesihiligiň esasynda
– Mesihiň haçdaky gurbanlygy ýatyr. Diňe ol bizi esasy maksady –
„ogurlap öldürmek, heläk etmek“ bolanyň gulçulygyndan halas edip
biler (Ýahýa 10:10).
Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.
Mesihilik dünýägaraýşyň esaslary
25
Özüniň „hudaýlar ýaly“ bolup biljekdigi baradaky pikir adamlaryň
arasynda ilki Adam atanyň kellesine gelipdir (Gelip çykyş 3:5).
Bu şeýtan tarapyndan wagyz edilýän durmuşa dünýewi egoistik
gatnaşygynyň özenidir. Adam atanyň sansyz köp nesilleri özleriniň
hakyky hudaýlardyklaryna maýyl boldular we ynandylar. Şu günki „Täze
Asyr“ hereketi bu pikiri bütin dünýä boýunça wagyz edýär.
Muňa garamazdan Injil ýeke-täk Hudaýy, älem-jahany ýaradan Hudaýýaradyjydygyny tassyklaýar. Adam ata we onuň nesilleri hudaýlar däl. Biz
Hudaý tarapyndan ýaradyldyk we Onsuz biziň dünýä inmegimiz mümkin
däl. Adam ata diňe Hudaý onuň durmuşyna dirilik nepesini üfländen soň
direldi. Adam atanyň janly bedeni we ruhy bardy, ýöne munuň bilen ol hudaý
däldi. Hudaý Adam ata ýagşa we ýamana göz ýetirýän agajyň miwesinden
datsa öljekdigini aýtdy. Şeýtan muňa garşy boldy, Hudaý Adam atany
aldaýandygyny, eger gadagan edilen miweden iýse, Adam atanyň öňünde
hudaý bolmak mümkinçiliginiň açyljakdygyny aýtdy. Adam ata şeýtana
gulak asdy we miweden iýip öldi. Ol ilki fiziki taýdan däl-de, diňe ruhy
taýdan öldi. Günä ony Hudaýdan aýra düşürdi we ol jennetden kowuldy.
Adam atanyň döwründen bäri bu dünýäde dogulýan her bir adam
fiziki taýdan diri, emma ruhy taýdan öli bolýar (Efes 2:1). Hudaýdan
aýra düşendigi üçin, adamda durmuş üçin diňe fiziki serişdeler bilen
pikir etmek mümkinçiligi bar. Şonuň üçin hem olaryň gözünde
hudaýlyk saklanýar, olara tekepbirlik, Ýaradandan garaşsyz bolmak
islegi ýolbaşçylyk edýär. „Men maksatlarymy özüm kesgitlärin,
gerekli häsiýetlerimi özüm saýlap, özüm kämilleşdirerin we dogry
hasaplaýşym ýaly ýaşaryn“ diýip, özüne ynamly adam aýdýar. Haçanda
Petrus Isa haçdaky ölüminden ýüz öwürmegi teklip edeninde, ol hem
şeýle usul bilen ýolbaşçylyk edipdi. Adamyň hudaýdygy baradaky
şeýtanyň pikiri dünýewi dünýägaraýşyň esasynda ýatyr, şol bir wagtyň
özünde hem ruhy taýdan halas bolmazlygyň baş sebäbi bolup durýar.
Hudaý bolmaga synanyşýan adamyň betbagtlygy onuň munuň üçin
ýeterlik güýjüniň ýoklugydyr. Ol başga maksat üçin ýaradylan, onda
öz ykbalyny özi kesgitlemäge mümkinçilik ýok. Hatda günäsiz, ruhy
taýdan diri Adam ata hem hudaý bolup bilmezdi, eýsem bu dünýä
ruhy taýdan öli bolup dogulýanlar hakda näme aýtjak? „Täze Asyr“
hereketiniň wekilleriniň taglymatlaryna garamazdan, adamda hudaý
bolmak mümkinçiligi bolmandyr, bolmaýar hem, bolmazam.
26
Gandaly döwýänçi
Eger siz bu dünýäniň, teniň we şeýtanyň gulçulygynda ýaşamak
islemeseňiz, ilki bilen dünýäniň dünýewi we egoistik garaýyşlaryndan
ýüz öwürmeli. Bütin dünýä boýunça şeýtanyň we onuň wekilleriniň
wagyz edýän dünýägaraýyşlarynyň deregine Isanyň dünýägaraýşyna
orun bermeli, Ol Petrusy tekepbirlikde paş edeninden soň, muny Öz
şägirtleri bilen eden söhbetdeşliginde beýan edýär:
„Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de,
haçyny alyp, yzyma düşsün. Çünki kim janyny halas etmek islese,
ony ýitirer, ýöne kim öz janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas
eder. Sebäbi bir adam bütin dünýäni gazanyp, janyny ýogaltsa, oňa
näme peýdasy bolar? Ýa-da adam janyna derek näme berip biler?
Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her
kime eden işlerine görä hakyny berer“ (Matta 16:24‑27).
Mesihiň sözlerinde mesihilik dünýägaraýşynyň esasyny düzýän alty sany
tabşyrygy görmek bolýar. Bularyň üsti bilen şeýtandan we onuň guran
dühýä düzgünlerinden halas bolmak isleýänler ýolbaşçylyk etmeli. Haçda
gazanylan ýeňşiň nurunda geziň, şonda siz dünýäniň garaňkylygynda
ýitmersiňiz.
Özüňi inkär et
Özüňi inkär etmeklik haýsam bolsa bir ýalkanyşdan ýa-da lezzetden
ýüz öwürmek düşünjesi däldir. Eger goýlan maksada ýetmäge päsgel
berýän bolsa, islendik talyp, sportsmen ýa-da sektant ol ýa-da başga bir
ýakymly işden ýüz öwürýär.
Haçanda Isa özüňi inkär etmek barada aýdanda, biziň durmuşymyza
Hudaýyň baş bolmagyna päsgel berýän bizdäki „meni“ göz öňünde
tutupdy. Isa hiç haçan baş bolmak göreşine gatnaşmady, ol Onda
ilkibaşdan bardy. Ol Hudaýyň tagtynda oturýar we merhemet bilen Öz
gudratyny biziň bilen paýlaşmagy teklip edýär. Biz özümiziňki däl zatdan,
esasan hem öz-özümize hudaý bolmak rolundan ýüz öwürýänçäk, hiç
haçan öz-özümiz we Hudaý bilen ýaraşmarys, hiç haçan halas bolmarys.
Hudaý bizi garaşly jandar edip ýaratdy we Onuň içimize guýan jany
hökümdarlyk etmäge ukyply däl. Şonuň üçin hem biz ýa Hudaýa we Onuň
patyşalygyna, ýa-da şeýtana we onuň patyşalygyna gulluk etmeli bolýarys.
Özümizi inkär etmek bilen biz ähli zatda Hudaýyň başda bolmalydygyna
Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.
27
göz ýetirýäris we Mesihde ruhy taýdan ýaşamaklyga mümkinçilik alýarys.
Özüňi inkär etmeklik – ruhy halas bolmagyň iň zerur şertidir.
Haçyny alyp, yzyma düşsün
Biziň bütin ömrümize götermeli haçymyz – özümiziňki däl-de,
Mesihiňkidir. Muňa garamazdan, bu haçyň bize gönüden-göni
gatnaşygy bardyr, çünki biz Mesih bilen birlikde haça çüýlendik. Indi biz
ýaşaman, eýsem, Mesih bizde ýaşaýar (Galat. 2:20). Haçdaky bitirilen
iş biziň günälerimiziň bagyşlanmak mümkinçiligini berdi we biziň ruhy
barlygymyzy üýtgetdi. Ölümi bize derek Mesihiň kabul edendigi üçin,
biz bagyşlandyk; Onuň bilen bile ölendigimiz sebäpli, biz ölümden halas
bolduk. Haçdaky ýeňşiň netijesinde biz aklandyk we mukaddeslendik.
Öz haçymyzy alyp, yzyna düşmek, biziň her gün özümize däl-de,
Hudaýa degişlidigimize düşünmegimizi aňladýar. Biz Reb Isa Mesihiň
gany bilen Hudaý tarapyndan satyn alyndyk (1 Petrus 1:18, 19).
Haçyňy almak – biziň şahsyýetimizi fiziki häsiýetler bilen däl-de,
Hudaý bilen özara gatnaşygymyz esasynda kesgitlenýändigi hakyndaky
hakykaty aňladýar. Biz Hudaýyň çagalary bolýarys (1 Ýahýa 3:1‑3),
biziň durmuşymyzyň gözbaşy bolsa – Mesihiň Özüdir (Kol. 3:3, 4).
Muňa düşünmek bilen biz şahsy egoistik maksatlar bilen
ýaşamagymyzdan el çekýäris we her gün Gökdäki Atamyzyň şatlanmagy
üçin hereket etmäge çalyşýarys. Biz özümiziň bolmadyk zadymyz
bolmaga dyrjaşmaýarys, gaýtam, özümizde bar zatdan, bizi ahyrky
hem hemişelik ýaradan Mesihden kanagatlanýarys. Biz Onuň özümizi
aýratyn adamlar edip ýaradandygyny bilýäris.
Mesihiň yzyna eýeriň
„Meniň“ güýji bilen „menden“ dynmak synanyşygy – biderek çekilen
zähmetdir. „Meni“ hiç haçan „men“ kowup bilmeýärin, sebäbi ynsan
teni Hudaýa boýun egmän, Oňa degişli ýeri eýelemäge dyrjaşýar.
„Menden“ halas bolmak üçin, biz Mukaddes Ruhuň ygtyýarynda
bolmalydyrys, resul Pawlus bu hakda şeýle ýazýar: „Çünki biziň ölümli
tenimizde Isanyň ýaşaýşy hem aýan bolsun diýip, biz – ýaşaýanlar Onuň
hatyrasyna ölüme tabşyrylýarys“. (2 Korintos. 4:11).
Mesihi durmuşy kemsidilen hem gaýgyly ýaly görünýär, emma bu
beýle däl. Hudaýy bilmek we gulak asyjy goýun ýaly Onuň yzyna
28
Gandaly döwýänçi
düşmek hiç zat bilen deňäp bolmajak şatlykdyr (Ýahýa 10:27). Biz
Hudaýyň Ruhunyň ygtyýaryndadygymyz üçin, goý, bu bizdäki „meniň“
agyryly ölümi bolsa-da, bu biziň Hudaýyň ogullary bolmak girewimizdir
(Riml. 8:14). Biz Hudaýdan aýry ýaşamak üçin ýaradylmadyk. Haçanda
biz diňe Oňa garaşly bolanymyzda we Mesihiň yzyna eýerenimizde,
„Hudaýyň halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini“ (Riml. 12:2) subut
eder ýaly doly kämil we erkin bolýarys.
Ýokarky durmuş üçin aşaky durmuşyňyzy gurban ediň
Eger siz häzirki durmuşyňyzy goramak isleýän bolsaňyz, munuň bilen
öz şahsyýetiňizi we wyždan duýgularyňyzy dünýewi ýol bilen amala
aşyrsaňyz (öz maksadyňyz hökmünde baýlyga, şöhrata we şuňa meňzeş
zatlara kowalaşmak), onda muny (durmuşyňyzy) ýitirersiňiz. Siz bu zatlara
bu durmuşyň dowamynda eýelik edip bilýärsiňiz, emma öleniňizden soň
olardan ömürlik mahrum bolarsyňyz. Mundan başga-da bu Ýerdäki zatlaryň
yzyndan kowalamak bilen Mesihde özüňiziňki boljak köp zady ýitirýärsiňiz.
Wagtlaýyn baýlyk bilen çäklenýän adam olardan başga zat almaýar we
soňra olary-da ýitirýär. Emma başga dünýäniň baýlygyny gözleseňiz, Hudaý
munuň bilen sizi sylaglar. Pawlus şuny göz öňünde tutupdy: „Beden
maşkynyň peýdasy azdyr, ýöne häzirki we geljekki ýaşaýşyň wadasyna eýe
bolan takwalyk her ugurdan peýdalydyr“ (1 Timot. 4:8).
Baky ýaşaýyş gazanmak üçin dünýe baýlygynyň lezzetinden geçiň
Mukaddes Ruhuň siziň durmuşyňyzda aýan eden miwesini bu dünýäniň
haýsy bir maddy baýlygyna çalyşmaga razy bolardyňyzmy? Heýde Mesihe bolan ynamyňyz bilen gazanan söýgiňize, şatlygyňyza,
rahatlygyňyza we sabyrlylygyňyza taý bolup biljek zat ýa-da pul baýlygy,
ýa-da şöhrat barmyka? Biziň hemmämiz „Ýok“ diýäýmegimiz mümkin.
Emma bu jogap biziň gündelik edýän hereketlerimiz bilen gabat gelýärmi?
Biz öz güýjümizi, baýlygymyzy hem-de wagtymyzyň köpüsini nämä
sarp edýäris? Ebedilik üçinmi ýa-da wagtlaýyn? Hudaýa alkyş aýdyp,
Hudaýyň mynasyp ogly bolmagyň deregine köplenç günäli adamzadyň
esasy maksady haýwan şatlygy bolup durýar. Isa bu hakda Özüniň
wepaly dostlary Merýem we Marta bilen söhbet edipdi (Luka 10:38‑42).
Isa Mesihiň myhman bolýan öýüniň eýesi Marta nahar taýýarlaýardy,
emma şol bir wagtyň özünde bolsa Merýem Halasgäriň ýanynda oturyp,
Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.
29
Ony ünsli diňleýärdi. Haçanda Marta bu dünýäniň aladasy bilen gümra
bolup, Merýemi kömekleşmäge çagyranda, Reb ony saklap, Merýemiň
ruhy baýlygy saýlandygyny aýtdy. Merýemiň tersine Marta maddy zady
ruhy dünýäden ýokarda goýýardy. Adamyň kalbynyň „mendäki“ ýeňşi
onuň ruhy dünýäni maddy dünýäden ýokarda goýmaklygyndadyr.
Baky ýaşaýyş üçin pany dünýäden geç
Mümkin ruhy kämilligiň beýik alamaty geljekki ýalkanyşyň hatyrasyna
pany dünýäniň lezzetini inkär etmek ukyby bolup durýar. Ýewreýlere
hatda şeýle okaýarys: „Musa ulalanda, Fyrownyň gyzynyň ogly diýip
tanalmakdan iman arkaly boýun gaçyrdy. Ol az salym günäniň sapasyny
sürmekden, Hudaýyň halky bilen bile horluk görmegi gowy gördi. Mesih
ugrunda çeken sütemini Müsüriň hazynalaryndan uly baýlyk saýdy.
Çünki ol öz aljak sylagyna garaýardy“ (Ýewreýler 11:24‑26). Bu dünýäniň
gymmatly hasaplaýan zadyna eýe bolandan, Hudaýyň çagalary diýlip
atlandyrylmak ebedi gowudyr. Eger biz Mesihiň yzyna eýerenimizde ejir
çekmeklige duçar hem bolsak, Hudaýyň bizi ebedi ýaşaýyşda ähli belabeterden halas etjekdigine we wagtlaýyn kynçylyklar üçin tölejekdigine
ynanyp bilýäris.
Şeýtanyň mesihileri azdyrmakdaky esasy hilesi olaryň hudaýdyklaryny
aýtmakdan ybaratdyr. Ruhy ýesirlik siz şeýtanyň hilesine hakykat
diýip ynanan pursatyňyzdan başlanýar we şoňa laýyklykda ýaşamaga
başlaýarsyňyz. Şeýtan ähli güýji bilen siziň kalbyňyzda Hudaýa degişli
orny eýelemäge çalyşýar. Her gezek siz Hudaýyň isleginiň garşysyna
hereket edeniňizde, egoistik garaýyşlar bilen ýolbaşçylyk edeniňizde
ýa-da ebedilik hem ruhy durmuşyň öňünde wagtlaýyn baýlyga
hormat goýanyňyzda bu şeýtana başardýar. Bu dünýä adamyň diňe
öz „menligine“ daýanmagyny isleýär, onuň ýüreginde Hudaýyň orun
tutmagyna ýol bermeýär, ýogsam kanun boýunça ol Hudaýa degişlidir.
Adamyň şeýle niýeti şeýtany begendirýär, sebäbi ol edil şuny ilkibaşdan
adamyň ýüreginde ornaşdyrjak bolup dyrjaşdy.
3
Siziň halas bolmaga
hukugyňyz bar
Orta ýaşlaryndaky zenan Lidiýanyň sözlerine görä ol hemişe durmuş
kynçylygynda ýaşapdyr. Oňa ulular tarapyndan fiziki we ahlak taýdan
berlen azarlar onuň çagalygyny zaýalapdyr. Bu ejirli ýatlamalar onda bu
durmuşa we özüne bolan ters garaýyş döredipdir. Bu aýal bilen bolan
ilkinji söhbetimizden soň mende, onuň özüne berýän bahasyny indi hiç
hili gowulaşdyryp bolmaz diýen pikir döredi, sebäbi onuň özüne bolan
pikiri şeýle bir garaňkydy we umytsyzdy. Özi hakynda gürrüň berýärkä
Lidiýanyň ýüz keşbinde hiç hili duýgy alamatlary ýokdy, emma onuň
sesinde welin, çykgynsyz ýagdaý duýulýardy.
– Siz kim, Lidiýa? Özüňiz hakda nähili pikir edýärsiňiz? – diýip, men
soradym.
– Men erbet – diýip, ol durkuny üýtgetmän gaýtalady. – Mende
düýbünden ýagşylyga ukyp ýok. Adamlar meniň betbagtlyk getirýändigimi
aýdýarlar. Men bu dogrudan hem şeýle diýip pikir edýärin.
– Siz erbet aýal däl – diýip, men garşy çykdym. – Hudaýyň çagasy
nädip erbet bolup bilýär? Siz özüňizi Hudaýyň çagasy hasaplaýaňyzmy?
Lidiýa tassyklap başyny kakdy.
Şonda men stoluň üstündäki kagyzy aldym, onda Injilden Isa Mesihdäki
mesihileri häsiýetlendirýän aýatlar ýazylandy. (Bu sanaw „Goşmaça
kömek“ bölümine girizilen). Men muny Lidiýa uzadyp, şeýle diýdim:
– Haýyş edýän, şu ýerde ýazylanlary daşyňyzdan okaň. Goý, bu
çykgytlar Mesihde siziň kimdigiňizi ýatlatsyn.
Lidiýa sandyraýan barmaklary bilen kagyzy aldy we gyryljak sesi
bilen okamaga başlady:
– „Siz ýe-ýeriň d-d-duzy…“
Birdenkä ol saklanyp, meniň gözlerime seretdi we ýaňsylamak bilen
şeýle diýdi:
Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar
31
– Ýok, indi… sen ogul!
Lidiýa ýaly pida bolanlaryň üsti bilen şeýtanyň aýan edýän ýigrenji
şahsyýetini görmek hemişe örän ýakymsyzdyr. Emma men Isanyň adyna
dileg etmek bilen hökümdarlygy öz üstüme aldym, sapaklar geçmek
bilen Lidiýany ädimme-ädim halas bolmaklyga getirdim. Mesihde özüniň
hakykatdan kimdigini görmek oňa başartdy. Rebbiň haçdaky bitiren işine
göz ýetirmek bilen onuň öň çeken ejirlerine garanda häzirki şahsyýeti
has gowy düzeldi, ol ruhy gandallary döwmek mümkinçiligini aldy we
Hudaýyň çagasy hökmünde hakyky barlygyna laýyklykda ýaşamaga
başlady.
Meniň uzadan kagyzymy eline alanda, ondaky harplaryň ýitendigini
ol soň gürrüň berdi. Kagyz jadylymyka? Ýok, ol adaty kagyzdy, tekst
hem onda adaty syýa bilen ýazylandy. Emma onuň Lidiýa üçin etjek
zady örän wajypdy. Şeýtan ony özüniň erbet hem hiç zada ýarawsyz
aýaldygyna yrypdy, emma bu ýalandy. Lidiýanyň Mesihde kimdigi
hakyndaky hakykatyň açylmazlygy üçin, şeýtan aýatlaryň okalmagyna
çürt-kesik garşy boldy. Ýagtylygyň garaňkylygy ýok edişi ýaly, Hudaýyň
hakykatynyň hem onuň aldawynyň üstüni açjakdygyny ol bilýärdi.
Şeýtan söweşsiz ýeňilmek islemeýärdi.
Mesihiň üsti bilen Hudaýyň siziň üçin eden işine we ol arkaly
siziň nämä ýetendigiňize düşünmeklik we kabul etmek, ine, şeýtanyň
gandalyndan halas bolmagyň esasy şudur. Biziň ýaşaýyş durmuşymyz
gös-göni özümizi nähili bahalandyrýandygymyza baglydyr. Iru-giç
her bir adam özi hakda nähili oýlanýandygyna laýyklykda ýaşamaga
başlaýar. Biziň özümizi alyp barşymyz, durmuşdaky wakalara garaýşy­
myz, duýgularymyz, bularyň bary biziň özümize düşünşimiz we kabul
edişimiz boýunça kesgitlenilýär. Eger siz özüňizi şeýtanyň alaçsyz pidasy
hasaplasaňyz, onda onuň hilegärliginiň ýesirliginde ýaşamaly bolarsyňyz.
Eger siz Hudaýyň ebedi söýýändigine we sizi Öz çagasy hökmünde
kabul edýändigine ynansaňyz, onda siz Hudaýyň çagasy hökmünde
ýaşarsyňyz.
Bu bapda men Mesihdäki şahsyýetimiziň käbir möhüm häsiýetleri hakda
jikme-jik gürrüň bermekçi. Siziň köpüňiz mümkin bu Injil hakykatyna
eýýäm ynanýansyňyz, emma käbirleriňize muny kabul etmek gaty agyr,
örän dini bolup görünýän bolmagy ahmal. Muňa garamazdan men bulary
ünsli okamagyňyzy haýyş edýän, kitabyň göni praktiki bölümine geçmäň.
Aşakda beýan edilen eseriň özeni ruhy ýesirlikden halas bolmagyňyz we
Hudaýyň çagasy hökmünde ýaşap başlamagyňyz üçin örän zerurdyr.
32
Gandaly döwýänçi
Mesihiniň aýratyn häsiýeti we Mesihdäki kämilligi baradaky mowzuklar
örän wajypdygy üçin, men ýene bir gezek sizi muny „Garaňkylygyň
üstünden gazanylan ýeňiş“ (Victory over Darkness) atly başga kitabym
bilen bile okamaklyga çagyrýaryn.
Siz ruhda hem tende dirisiňiz
Siziň iki düzümden ybaratdygyňyzy aýtsa bolar: maddylygy we maddy
dälligi. Siz fiziki bedene, maddy däl jana we ruha eýesiňiz. Jan pikir
etmek, duýmak we saýlamak (aň, duýgy we isleg) ukyby arkaly, ruh
bolsa – Hudaý bilen gepleşmek ukyby arkaly kesgitlenilýäýr. Beden
jan bilen ruhuň birleşmeginde ýerleşýär, şonuň üçin hem fiziki taýdan
janly bolýar. Siz Mesihe iman eden badyňyza, siziň janyňyz we ruhuňyz
Hudaý bilen birleşikde ýerleşýär, bu size ruhy durmuşy berýär.
Haçanda Hudaý Adamy ýaradanda ol ruhy hem fiziki taýdan diridi.
Emma gazanan günäsiniň güýji bilen we onuň netijesinde ruhy ölüme
sezewar bolansoň, her bir adam fiziki taýdan diri, ruhy taýdan bolsa
öli dogulýar. Mesihe gelmezden öň siz Hudaýdan aýradyňyz, Onuň
barlygy we akyl-paýhasy size el ýeterli däldi. Siz öz-özüňizi bir ýere
jemlemek bilen Hudaýdan aýry ýaşamagy öwrendiňiz. Hudaýdan şunuň
ýaly özboluşly aýry bolmaklyga Mukaddes Ýazgyda dünýewi diýilýär.
Haçanda siz ýokardan dogulanyňyzda, siziň janyňyz hem, ruhuňyz
hem Hudaý bilen birlikde ýaşaýar, şonda siz ruhda ýaşarsyňyz we
günä gazanmazdan öňki Adama meňzeş bolarsyňyz. Efeslilere ýollanan
hatda indi siziň Mesihde, Mesihiň sizde boljakdygy üznüksiz aýdylýar.
Mesihiň bakydygy üçin, Ondan alan ruhy durmuşyňyz hem bakydyr. Ol
eýýäm şu wagt sizde bar! Şeýtan her näçe sizi yryp hileler etse-de, „seni
hergiz terk etmerin, seni hergiz taşlamaryn“ diýip, söz beren Isany siziň
ýüregiňizden alyp bilmeýär (Ýewreýler 13:5).
Siz günälilikden mukaddeslige öwrüldiňiz
Siz haçan hem bolsa bir wagt özlerini „günäli adamlar“ atlandyrýan
mesihlere duşupmydyňyz? Siz özüňizi günäli atlandyrýarsyňyzmy? Eger
siz özüňizi günäli hasaplaýan bolsaňyz, onda gelejekde hem günä edersiňiz.
Ýogsa-da, günäliden ýene nämä garaşyp bolar? Siziň mesihi durmuşyňyz
Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar
33
doly adaty ýagdaýda bolup, mesihi dälleriň durmuşyndan tapawutlanmaz.
Gaýgy-hasrat peýda bolar. Şeýtan Hudaýyň we adamlaryň öňündäki siziň
günä duýgyňyzy güýçlendirmek üçin mundan peýdalanar, şeýle hem
sizi ruhy ýeňlişiň çykalgasyzdygyna ynandyrar. Siz günäňizi toba edip,
gelejekde ony gaýtalamazlyga çalyşýarsyňyz, emma siz özüňiziň diňe
merhemet boýunça halas bolup, Isanyň ikinji gezek gelmegine garaşýan
günälidigiňiz bilen ylalaşsaňyz, bu ýüregiňiziň töründe ýeňlişi aňladyp
durar.
Eýsem siz şeýle bolmaklyga sezewar edilenmi? Elbetde, ýok! Injildäki
mesihiler günäli hasaplanmaýarlar. Olar özlerini merhemet boýunça
halas bolan günäli hem hasaplamaýarlar. Olar üçin ulanylýan at başgaça:
mukaddesler. Injil mukaddes mesihileriň käwagtlar günä etmekleriniň
mümkindigini boýun alýar. Biz halas bolan (aklanan) pursatymyzda
mukaddes bolýarys, mukaddeslik biziň her günki tejribämiz (saplan­
magymyz) bolup durýar. Saplanmak Hudaýyň biziň üçin eden işine we
Mesihde özümiziň kimdigimize ynanmagymyzyň netijesinde bolup
geçýär. Hudaýyň çagalary bolmaga dyrjaşmak hökman däl – bu biderek
sapak, biziň eýýäm olardygymyza ynanmak gerek. Eger tersine bolsa,
onda şeýtan üçin sizi Mesihe iman edeniňizden soň özüňiziň öňküden hiç
hili tapawudyňyzyň ýokdugyna, siziň Hudaýa hem, adamlara hem gerekli
däldigiňize yrmagyň hiç hili kynçylygy ýok. Günäli ýagdaýdan
mukaddeslige geçmekdäki düýpli üýtgeşmelere bolan ynamy kabul
etmek gerek, bu size her gün günäniň meýline we şeýtanyň çozuşyna
garşy durmaga kömek eder.
Siz – Hudaýlyk tebigata şäriksiňiz
Efeslilere hat kitabynda Pawlus biziň Mesihe iman etmezimizden öňki
ýagdaýymyzy suratlandyrýar: „Siz bir wagtlar içinde gezýän ýazyk we
günäleriňiz zerarly ölüdiňiz. Bu dünýäniň gerdişine, söz diňlemeýän
adamlarda häzir işleýän ruhuň, ýagny howadaky erbet güýçleriň
hökümdaryna uýardyňyz. Bir wagtlar biziň hemmämiz günäli teniň,
akylyň islegini kanagatlandyryp, tenimiziň höweslerine görä olaryň
arasynda ýaşapdyk, tebigatymyz boýunça beýlekiler ýaly, gahar-gazaba
sezewar bolan adamlardyk“ (Efesliler 2:1‑3). Mesihi kabul etmezimizden
öň biz tebigatymyz boýunça günälidik, bu günäniň netijesi bolsa ölümdi
(Hudaýdan aýra düşmek). Mundan başga-da, biz öz-özümize we şeýtana
34
Gandaly döwýänçi
gulluk edýärdik. Emma Hudaýyň bizi halas edýän pursaty biziň aslymyz
üýtgedi, şol pursatda biz „Hudaýlyk tebigata şärik“ bolduk (2 Petrus
1:4). Indi siz ten boýunça ýaşaman, Mesihde ornaşýarsyňyz. Öň siz
günäli tebigatda bolduňyz, indi bolsa Mesihiň Hudaýlyk tebigatynyň
şäriklerisiňiz. Siz – baky dälsiňiz we Hudaý barlygy dälsiňiz, emma
Mesihiň Hudaýlyk tebigaty bilen ebedilik birleşen adamsyňyz. Pawlus
bu hakda şeýle ýazýar: „Şonuň üçin kim Mesihe bagly bolsa, ol täze
mahlukdyr“ (2 Korintos. 5:17). Şeýtanyň biziň hiç hili üýtgemändigimize
yrmagyna garamazdan, biz Mesihde – düýbünden başgadygymyza berk
ynanmalydyrys.
Iman etmezimizden öňki ýagdaýymyz Täze Ähtde „köne adam“ (ýagny
köne „men“) diýlip atlandyrylýar. Halas bolan wagtymyz Hudaýdan
aýra ýaşamaga çalyşýan we şol sebäpli günä edýän bizdäki köne „men“
öldi (Riml. 6:6) we Mesihe meňzeş, Hudaý bilen bile ýaşamaga çalyşýan
täzesi peýda boldy (Galat. 2:20).
Günä baglydygyňyzy ýok etmek üçin sizdäki köne „men“ ölmelidir.
Täze adam bolmak bilen siz günäsiz bolmadyňyz (1 Ýahýa 1:8), emma
sizdäki köne „meniň“ Mesih bilen haça çüýlenip, jaýlanandygy üçin, indi
siz günä etmeli dälsiňiz (1 Ýahýa 2:1). Siz diňe Hudaýdan aýry hereket
etmeli diýip, özbaşdak karary kabul edeniňizde günä edýärsiňiz.
Siz teni we günäni ýeňip bilýärsiňiz
Günä üçin ölmek bilen siz günäniň guly bolmakdan dyndyňyz, emma
bu günäniň siziň üçin ýok bolup gidendigini aňlatmaýar. Günä öňküsi
ýaly ýaşaýar, ol güýçli we maýyl ediji, emma onuň hökümdarlygynyň
soňuna eýýäm palta uruldy (Riml 8:2). Şeýle hem sizdäki köne „men“,
ýagny iman etmeziňizden öň Hudaýdan aýry ýaşamaga dyrjaşýan „men“
hem doly ölenok. Sizde köne endikler, türgenlikler, şahsy mätäçlikleriňi
gyzyklandyrýan höwesler galýar. Özüňizdäki köne „meniň“ ýerleşişi ýaly,
mundan beýläk siz „tende“ ýerleşmersiňiz, indi siz Mesihdesiňiz. Emma
muňa garamazdan entek hem sizde „tene görä ýaşamak“ mümkinçiligi
bar (Riml. 8:12, 13), siz Hudaýyň islegi boýunça däl-de, özüňiziň köne
egoistik höwesleriňize laýyklykda hereket edýärsiňiz. Tenimizi haça
çüýlemek – biziň borjumyzdyr (Riml. 8:13), biz Ruh boýunça hereket
edip, onuň üsti bilen muny amala aşyrýarys (Galat. 5:16) we pikirimizi
täzelemegine rugsat berýäris (Riml. 12:2).
Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar
35
Biz günä üçin öli bolsak-da, günä güýçli maýyl etmek bilen biziň indi
Mesih üçin däl-de, özi üçin diridigimiz hakynda duýgy döretmegi mümkin.
Muňa şeýle garşylyk görkezse bolar: günä baglylykda Mesih hakda näme
dogry bolsa, biz hakda hem şol dogrudyr (Riml. 6:1‑11). Hudaý Ata Öz
Ogluna „günäli teni kabul etmeklige“ (ýagny, günä bilen gatnaşykda
bolmaklyga) ýol berdi, indiden bu ýana geçen, häzirki we geljekdäki –
ähli günäler Onuň üstüne atyldy (2 Korintos. 5:21). Ol haça çüýlenende,
biziň günälerimiz Ondady. Ol ölümden direlende bolsa, eýýäm Onda günä
ýokdy. Haçanda Mesih Atasynyň ýanyna göterilende, Ol günäsizdi. Bu
günki gün Ol Atasynyň sag tarapynda oturanda, edil öňküsi ýaly Ol hiç
hili günäsiz. Biz hem gökde Mesih bilen bile oturýandygymyz üçin, biz
hem günä üçin öldük.
Haçanda biz Injilde ähte duş gelsek, ony ynam bilen kabul edýäris.
Eger parzlary tapsak, olary berjaý edýäris. Rimlilere hat kitabynyň 6-njy
babynyň sözleri: 1‑11 – aýatlar – bular parz däl-de, hökman ynanmaly
hakykatdyr. Mesih günä üçin ölüdir, siziň hem Ondadygyňyz üçin, siz
hem günä üçin öldüňiz. Eýýäm günä üçin ölüdigiňiz sebäpli, gelejekde
siz onuň üçin ölmersiňiz, ýöne siz bu hakykata diňe ynanyp bilersiňiz.
Men entek hem öňküleri ýaly günä üçin ölmäge çalyşýan köp mesihilere
duşdum, munuň üçin olaryň durmuşy miwesiz hem gaýgyly, çünki olar
öň ýerine ýetirilen işi etmäge çalyşýarlar.
Rimlilere hat kitabynda (6:1‑11-de) işlikleriň öten zamanda
ulanylyşyna üns beriň: Günä etmeklige ölen biz (meniň kursiwim – N.
A.), „Ýa-da Mesih Isa çokundyrylanlarymyzyň barynyň Onuň ölümine
çokundyrylandygyny“ (3‑aýat); Onuň bilen bile ölüme gömlendiris
(4‑aýat); Çünki günä jesedi ýogalyp, biz mundan beýläk günä gulluk
etmez ýaly, köne adamymyzyň Onuň bilen birlikde haça çüýlenendigini
bilýäris (6‑aýat); Çünki kim ölen bolsa, ol günäden aklanandyr
(7‑aýat); Biz Mesih bilen ölen bolsak, onda Onuň bilen ýaşajagymyza
hem ynanýarys (8‑aýat). Ähli çykgytlar öten zamandadygy üçin, onda
aýdylýan ähli zatlar eýýäm amala aşan. Bize diňe berjaý bolan zatlary
ynam bilen kabul etmek galýar.
11‑aýatda biziň günä bilen gatnaşygymyzdaky häsiýetimiz delillen­
dirilýär: „Şonuň ýaly, siz-de özüňizi günä etmeklige öli, ýöne Rebbimiz
Mesih Isada Hudaýa diri saýyň“. Günäde özüňizi öli duýýaňyzmy ýa-da
ýok, bu wajyp däl, esasy zat özüňizi şeýle hasaplaň, çünki bu hakykatdan
hem şeýle. Käwagt adamlar biderek pikir edýärler: „Günä üçin ölmek
üçin näme etmeli?“ Ýeke-täk etmeli zady Mesih eýýäm Golgofda berjaý
36
Gandaly döwýänçi
etdi. Eger biz hakykata ynansak we özümizi günäde öli hasaplasak,
onda bu hökman biziň işimizde öz netijesini berer. Emma biz tejribäni
ynamdan ýokarda goýsak, onda Mesihiň haçda gazanan azatlygyny hiç
haçan doly tanamarys.
Eger biz Rimlilere hat kitabynyň 6-babynyň ilkinji aýatlarynda (1‑11
aýatlar) nämä ynanmalydygyny bilen bolsak, onda indiki aýatlarda
günä bilen nähili hereket etmelisi aýdyň bolýar. „Höweslerine boýun
bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin. Synalaryňyzy
nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem, ölümden direlen
hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk guraly edip,
Hudaýa tabşyryň“ (12, 13‑aýatlar). Günä – bu rehimsiz hökümdar, öz
goly astyndakylardan günälini boýun egmegi talap edýär. Siz günä üçin
öli, emma öňküňiz ýaly bedeniňizi günä üçin bermek ukybyna eýesiňiz.
Bedeniňizi günä gulluk etmäge bermelimi ýa-da dogrulyga, muny özüňiz
çözmeli. Şeýtan islendik günäniň ilkinji gözbaşy bolup durýar, bu
meselede hiç kime bitaraplyk pozisiýany eýelemäge ýol bermeýär.
Aýdalyň, bir ruhany sizden mätäçlere iýmit äkitmek üçin maşynyňyzy
ulanmaga rugsat soraýar, edil şol wagty bir jenaýatkär hem banky
ýarmak üçin maşynyňyzy soraýar. Siz maşynyňyzy kime bererdiňiz?
Sizde bu hakda hiç hili şübhe bolmaly däldir!
Bedeniňiziň kime gulluk etmelidigini özüňiz çözmeli: Hudaýamy ýada şeýtana. Şonuň üçin hem Pawlus muny berk aýdyp geçýär: „Eý,
doganlar, özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany hökmünde
hödürläň diýip, Hudaýyň rehimleri arkaly size ýalbarýaryn, bu siziň ruhy
ybadatyňyzdyr“ (Riml. 12:1). Mesihiň günäniň üstünden gazanan ýeňşi
arkaly, sizde günäden halas bolmaklyga we onuň guly bolmaklygy bes
etmäge doly mümkinçilik bar. Şonuň üçin siz öz ahyry ölmeli bedeniňize
günä etmegine ýol bermezlik üçin jogapkärsiňiz.
Siz günä hökümdarlygyndan halas bolup bilersiňiz
Soňky abzasy okap: „Öz bedeniňiziň günä etmegine ýol bermäň diýip
aýtmak aňsat“ diýmegiňiz mümkin. – Iň agyry özüňiň maýyl bolmagyňa
ýol bermezlikdir. Men hemişe etmeli däl zady edýärin, etmeli zady bolsa
edemok.
Emma men günä bilen söweşiň nämedigini gowy bilýärin, sebäbi
muňa özüm gatnaşdym. Resul Pawlus Rimlilere hat kitabynda (7:15‑25)
Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar
37
lapykeçlik duýgusyny beýan edýär, mümkin bu sizde hem bolýandyr.
Aşakda men günäniň hökümdarlygyndan halas bolmaklygyň kadalaryny
ýazyp beýan edýärin. Meniň söhbetdeşimiň ady Den. Den özünden
günäniň zulmuny zyňyp taşlamak üçin ähli mümkinçilikleri edýär.
Nil: Den, meniň pikirimçe, Mukaddes Ýazgydan häzir seniň
başdan geçirýän kynçylygyňy suratlandyrýan ýerlerine seredip
geçeli. „Sebäbi men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän
zadymy etmän, ýigrenen zadymy edýärin“ (Rimliler 7:15). Bu
suratlandyrma siziň üçin gabat gelýärmi?
Den: Takyk. Hudaýyň dogry hasaplaýan zadyny men ýürekden
ýerine ýetirmek isleýärin, emma kämahal düýbünden tersine
edýärin.
Nil: Siz mümkin 16‑aýat bilen ylalaşarsyňyz: „Eger-de
islemeýän zadymy edýän bolsam, onda kanunyň oňatdygyny
tassyklaýandyryn“. Den, beýan edilýän ýagdaýa näçe şahsyýet
gatnaşýar?
Den: Elbetde, diňe bir – „men“.
Nil: Bir zatlary etmegi islemek, emma olary edip bilmezlik –
bu örän ýakymsyz, şeýle dälmi? Siz bu meseläni çözmäge heý,
synanyşdyňyzmy?
Den: Käwagt men özümiň mesihidigime hem şübhelenýärin.
Başgalarda mesihiçilik boýunça ýaşamak başa barýar, emma
mende näme üçindir beýle däl. Men köplenç mesihi durmuşynda
ýaşamagyň mümkindigine we Hudaýyň bardygyna ikirjeňlenýärin.
Nil: Eger bu ýagdaýa diňe sen we Hudaý gatnaşýan bolsa, onda
seniň gowşakdygyň üçin günä ýa Hudaýyň, ýa-da seniň üstüňe
ýüklenerdi. Emma 17‑aýatda ýazylana seret: „Ýöne ony edýän
indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan günädir“. Biziň bu
ýagdaýymyzda näçe kişi gatnaşýar?
Den: Iki, ýöne men hiç zada düşünmeýärin…
38
Gandaly döwýänçi
Nil: Onda 18-nji aýady okap göreli, ol bize bu şekili
aýdyňlaşdyrmaýarmyka: „Çünki mende, ýagny tenimde ýagşy
zadyň mesgen tutmandygyny bilýärin, sebäbi mende gowulyk
islegi bar, ýöne gowy zady etmegi başarmaýaryn“.
Den: Maňa bu aýat öňden bäri tanyş. Özümiň hiç zada
ýarawsyzdygym bilen ylalaşmak maňa ilkibaşdan aňsatdy.
Nil: Emma aýatda bu hakda aýdylmaýar. Hakykatda bolsa munuň
tersine aýdylýar. Sizde ýaşaýan siziň özüňiz däl. Eger meniň
barmagyma tiken çümen bolsa, onda mende ýaşaýan „erbetlik“
hut şol bolýar, aýatda şu hakda aýdylýar. Emma tiken – men däl.
Şeýle hem „ýagşy zadyň mesgen tutmandygyny“ diýlende, näme
hakda gürrüň edilýänine üns ber, hatda meniň tenim bolmasa-da,
meniň tenimde ýaşaýar. Eger bu göreşde gatnaşyjylar diňe özümiz
diýip pikir etseňiz, onda bize ýeňiş gazanmak mümkin däl. Bu
aýatlarda biziň tebigatymyzdan bolmadyk başga biriniň, günä bilen
söweşimize gatnaşýan ikinji bir kişi hakda gürrüň edilýär.
Görýäňmi, Den, biz dünýä inen badymyza günä üçin jeza
çekýäris. Şeýtanyň we onuň ýaranlarynyň biziň jezalarymyzyň
dowam etmegi üçin ähli mümkinçilikleri edýändiklerini ynam
bilen aýtsa bolar. Haçanda Hudaý bizi halas edende, şeýtan doly
utuldy, emma bu onuň ylalaşandygyny we boýun egendigini
aňlatmaýar. Indi ol bizi ähli güýji bilen günäniň hökümdarlygy
astynda saklamaga çalyşýar. Şeýle hem onuň teniň üsti bilen
hereket edýändigi bize mälimdir, biz halas bolanymyzdan soň
hem tenden mahrum bolmadyk.
Geliň, munuň yzyny okalyň we bu gapma-garşylygyň nämäni
görkezýändigini bileliň. „Çünki isleýän ýagşy işimi edemok-da,
islemeýän erbet işimi edýärin. Men islemeýänimi edýän bolsam,
onda ony edýän indi men däl-de, meniň içimde mesgen tutan
günädir. Şeýlelikde, men bu kanuny tapýaryn, ýagşylyk etjek
bolamda, mende erbetlik häzir bolýar“ (19‑21 aýatlar).
Den: siz özüňizde nämäniň ýaşaýandygyny bilýärsiňizmi?
Den: Elbetde, günä we erbetlik. Eýsem ol mendäki günä dälmi?
Haçanda men günä edenimde, özümi günäli duýýaryn!
Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar
Nil: Biziň, siziň we meniň – günä edýändigimize hiç hili şübhe ýok,
emma biz „günäniň“ özi bolmaýarys. Erbetlik bizde bar, emma bu
biziň tebigatymyzyň bir bölegi bolmaýar. Muňa garamazdan Pawlus
biziň günälerimizi bagyşlamaýar, öň ol bize ölümli tenimizde günäniň
höküm sürmezligi üçin jogapkärçilik hakda ýazypdy (Riml. 6:12).
Käwagt sizde şeýle lapykeçlik bolup geçýärmi, nämedir bir
zady döwmek ýa-da kimdir birini urmak isleýärsiňizmi?
Den: Her gün diýen ýaly!
Nil: Haçanda siz köşeşeniňizde, ýene özüňiziň mesihidigiňiz
hakda oýlanýarsyňyz, şeýle dälmi?
Den: Hut şeýle, men özümiň saklanyp bilmändigime gaty
utanýaryn.
Nil: Edil şu sikl 22-nji aýatda beýan edilen: „Hudaýyň kanunyn­
dan içki tebigatyma görä lezzet tapmaýaryn“. Haçanda biz
hakykatda özümiziň kimdigimize laýyklykda hereket etmesek,
Hudaý bilen birligimizi bozýandygymyz üçin Mukaddes Ruh
derrew bizi paş edýär. Emma basym biziň hakyky tebigatymyz
täzeden ýüze çykýar we biz ýene-de Hudaýa tarap gönükdirilýäris.
Bu bize äri bilen sögüşen aýaly ýatladýar, ol mundan beýläk äri
bilen ýaşamak islemeýär we aýrylyşmaga arza berýär. Soňra
sowaýar we köşeşip, şeýle diýýär: „Men ony juda söýýärin we
aýrylyşmak islemeýärin, emma başga çykalga ýok“. Bu „içki
adamyň“ ýagny hakyky „meniň“ beýan etmegidir.
23-nji aýtda günä bilen tebigatyň söweşi hakda gürrüň edilýär:
„Öz synalarymda başga bir kanuny görýärin. Ol pikirimiň kabul
eden kanunyna garşy söweşip, meni synalarymdaky günä
kanunyna ýesir edýär“. Eger bu aýata salgylansak, günä bilen
söweş nirede bolup geçýär?
Den: Aňda, pikirde.
Nil: Hut şeýle. Eger şeýtana bu söweşe gatnaşýanyň ýeke-täk
özüňizdigine sizi yrmak başartsa, onda siz günä üçin ýazygy ýa
öz üstüňize, ýa-da Hudaýa ýüklemeli bolarsyňyz. Muny şeýle
39
40
Gandaly döwýänçi
gurnamak mümkin: eger sizi it ýarsa, bu agyry üçin siz kimi
günäkärlärdiňiz: özüňizimi ýa-da iti?
Den: Iti. Men özümiň günä bilen söweşişim hakda gör kim
bilen gepleşmedim, emma maňa hiç kim günäniň it ýaly agyry
getirýändigini aýtmady.
Nil: Elbetde. Şonuň üçin hem siz özüňizi günäkärleýärsiňiz.
Gynansagam, köp mesihiler hemişe özlerini ýazgarýandyklary üçin
ruhupes duýýarlar. Netijede olar Hudaýdan aýrylýarlar. Pawlus öz
duýgularyny 24-nji aýatda beýan edipdir: „Ne biçäre adam men! Bu
ölüm teninden meni kim halas eder?“. Ol „men nähili erbet adam“
diýmeýär-de, „biçäre“ diýýär. Ol heläkçilige sezewar bolýar, sebäbi
ol azat däl. Onuň dogry hereket etmeklige synanyşyklary şowsuz
gutarýar. Ol: „Bu söweşde nähili ýeňiş gazanmaly?“ diýen soraga
düşünmeýär. Munuň jogaby 25-nji aýatda ýerleşýär: „Rebbimiz Isa
Mesih arkaly Hudaýa şükür edýärin. Men indi pikir bilen Hudaýyň
kanunyna, ýöne ten bilen günä kanunyna gulluk edýärin“.
Den: Men düşünip başladym öýdýän. Men ähli şowsuzlyklarda diňe
özümi günäkärledim, emma Pawlus öz günälerini boýun alsa-da, olar
üçin günäni öz üstüne almaýar. Ol günä bilen söweşmäge taýýar,
emma olary etmekde özüni günäkärlemeýär. Mundan başga-da, ol
günäden üstün çykmaga Isanyň güýç berjekdigine ynanýar.
Nil: Siz munuň özenine dogry düşündiňiz. Özüňi ýazgarmagyň hiç
hili peýdasy ýok, sebäbi „Şeýlelik bilen, Mesih Isada bolanlara häzir
hiç hili iş kesme ýokdur“ (8:1). Akyl-paýhas ugrundaky söweşiň
özenine düşünmek gerek, soňra öz „goşunyňyzyň“ gowşak ýerlerini
anyklamaly, çünki munuň üsti bilen günä siziň durmuşyňyza
aralaşyp bilýär. Onsoň umytsyz „ýerlerini“ berkitmeli, şeýdip
günäden halas bolmaly. Bu Mesihde halas bolmakdyr.
Siz öz paýhasyňyz ugrundaky söweşde ýeňiş gazanyp bilersiňiz
Rimlilere hat kitabyna salgylansak, baş ruhy söweş aňda bolup geçýär
(Riml. 7:23; 8:5‑7). Şoňa görä-de, biz ýeňiş gazanmak islesek, şeýtana aň-
Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar
41
pikirimizde garşy durmagymyz gerek. Pawlus Ikinji Korintoslylarda şeýle
ýazýar: „Çünki biz dünýäde gezýän hem bolsak, dünýä ýollary boýunça
söweşýän däldiris. Sebäbi biziň söweş ýaraglarymyz dünýewi däldir,
galalary ýykmak üçin Hudaýyň gudratyna eýedir. Biz ters çekişmeleri,
Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her bir belentligi ýykyp, her
pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris“ (2 Korintos. 10:3‑5).
Siz Hudaýsyz ýaşan wagtyňyz, siziň aňyňyzda belli bir möçberdäki
günäli endikler döredi. Siziň daş-töweregiňiz mesihi däller bilen gurşaldy,
olar size Mesihden aýry pikirlenmegi we hereket etmegi öwretdiler,
munuň netijesinde hem bu günäli endikler emele geldi. Haçanda siz
Mesihe iman edeniňizde, gynansagam, bu endikler ýitip gitmediler,
şonuň üçin hem siz sabyrlylyk bilen olardan günbe-günden dynmaly.
Bu proses hökman günäniň üstünden ýeňiş getirer. Köne zatlar size
hökümdarlyk etmez, çünki siz Mesihde täze mahluksyňyz (2 Korintos.
5:17). Ruhy (günäli) endiklerden halas bolmak prosedurasy hakynda
kitabyň üçünji bölüminde beýan edilýär.
Siz hemişe diňe Mesihe iman edeniňiz üçin, şeýtanyň kast
etmeginden halas bolup bilýändiris öýtmäň. Şeýtan hemişe Hudaý we
özüňiz hakyndaky ýalan pikirleri bilen sizi azdyrmaga synanyşar. Siz
ähli güýjüňiz bilen oňa garşylyk görkezmelisiňiz; ýogsam siziň özüňizi
alyp barşyňyza ol gözegçilik eder.
Şeýtan hilegär. Ol gönümel barýan ýoldan gaçýar, sebäbi bu usul diňe
örän tejribesiz adamlary azaşdyrmaga ukyply. Öz pikirlerine ynandyrmak
üçin ol adamy olaryň diňe oňa ýa-da Hudaýa degişlidigini yrmaga
çalyşýar. Şeýtan adamyň öz pikirlerine ynandyrmaga ukyplydygyny
Mukaddes Ýazgyda aýdyň görüp bolýar: bu Dawut bilen (1-nji Ýyl
ýazgylary 21:1), Ýahuda bilen (Ýahýa 13:2) we Hananýa bilen (Resul.
Işl. 5:3) hem şeýle boldy.
Şeýtanyň hileli usulyny meniň talyplarymyň biri bilen bolup geçen
ýagdaýda görmek bolýar. Jeý meniň ofisime gelip, muny açyk boýun
aldy:
– D-r Anderson, mende bir näsazlyk bar.
– Näme bolýar, Jeý?
– Haçanda men okamaga başlanymda, meniň bilen geň zatlar bolup
geçýär: men sandyrap başlaýaryn, ellerimiň öz-özi ýokary galýar, gözlerim
gamaşýar. Bir söz bilen aýdanyňda okamak düýbünden mümkin däl.
– Düşnükli. Maňa Reb bilen gatnaşyklaryň barada gürrüň ber.
– Bu babatda mende hemme zat gül ýaly! – diýip, Jeý öwündi.
42
Gandaly döwýänçi
– Anyk sen nämäni göz öňünde tutýarsyň?
– Mysal üçin günortan nahary wagty gelende, men Hudaýdan nirede
naharlanmalydygymy soraýaryn we aňymda naharhananyň adyny
eşidýärin, hut şol ýere-de gidýärin.
– Seniň ybadathana gatnaýşyň nähili?
– Men her dynç güni Rebbiň görkezen ybadathanasyna gidýärin.
Soňky üç hepdäniň dynç güni, Ol meniň mormanlaryň ybadathanasyna
gitmegimi isledi.
Jeý yhlas bilen Hudaýa gulak asmak isledi, emma „her pikiri Mesihe boýun
bolmaga ýesir etmegiň“ deregine (2 Korintos. 10:5), ol özüniň subýektiw
isleglerini Hudaýdan gelýän ýaly kabul etdi. Bu şeýtana onuň durmuşyna
aralaşmaga mümkinçilik berdi. Ine, onuň netijesi: Jeý birnäçe wagtlap
seminarlarda doly derejede okamak mümkinçiliginden mahrum boldy.
Azmaklyk meýlini ilkibaşdan ýatyrmak gerek. Hatda maýyl ediji
pikirleri oýlanmak hem gadagan, ýogsam birnäçe wagtdan soň ol size
gyzykly bolup görner, ýene birnäçe wagtdan bolsa siz muňa laýyklykda
hereket edersiňiz. Günäni gaýtalamak endige öwrülýär, endik bolsa
aňda günäli häsiýetleri döredýär, mundan soň siz indi edilen günä garşy
durup bilmeýärsiňiz. Azmaklyk we pikiriň üstünden şeýtanyň gözegçiligi
hakynda kitabyň ikinji bölüminde has giňden gürrüň ederis.
Günäli endikleri ýok etmek üçin näme etmeli? Birinjiden, Injil taglymatlaryna
oňat düşünmeli, ikinjiden, tejribeli maslahatçydan kömek soramaly. Käbir
günäli endikler arwah-jynyň islegine boýun egmek ýa-da duzagyna düşmek
bilen ruhy ýesirlige öwrülýärler. Mundan ejir çekýän adamlar Hudaýyň
hakykatynyň üsti bilen şeýtanyň ýalançylygyndan halas bolmaklary gerek.
Isa şeýle diýdi: „Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi azat eder“ (Ýahýa
8:32). Ruhy ýesirlikden halas bolmagyň ýoly kitabyň üçünji bölüminde beýan
edilen. Onuň esasynda Hudaýyň Sözüniň hakykaty bar.
Haçanda Tereza maňa kömek sorap ýüz tutanda, onuň arkasynda
eýýäm birnäçe gezek özüne kast etmekdäki şowsuz synanyşyklarynyň
yzy bardy, ol diýetologiýa klinikalarynda we psihiatriki keselhanalarynda
bejergi alypdyr. Halas bolmak işimize biziň bary-ýogy üç sagat wagtymyz
gitdi. Takmynan bir aýdan soň men ondan şu haty aldym:
Mähriban Nil!
Men size geçen aýda bahasyna ýetip bolmajak beren kömegiňiz
üçin minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Ilkibaşda dilegimizden
Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar
43
soň maňa hiç zat üýtgemedik ýaly göründi, onsoň meniň
ýagdaýym umuman ruhy sebäpli däldir öýtdüm. Emma men
ýalňyşypdyryn. Şol günden başlap mende bir gezek hem özüme
zyýan etmek ýa-da zäherli iýmit ulanmak ýaly pikirler bolmady.
Meniň üçin beýleki mesihileriň dileg edip başlan pursatyndan
(özüme kast etmäge synanyşanymdan soň) özümiň sagalýan­
dygyma düşündim, ýöne siziň bilen duşuşygym hakykatdan
hem meniň durmuşymy üýtgetdi. Bu gün men özümi doly erkin
duýýaryn. Eýýäm bir aýdan gowrak wagt bäri özüme kast
etmäge synanyşmaýaryn. Bu bolsa iň hakyky gudrat!
Tereza
Kim Mesihde bolsa, ýeňiş hakykatdan hem mümkindigine düşünensiňiz
diýip umyt edýärin.
Uruş dowam edýär, emma biz ýeňijiniň tarapynda. Biz Mesihde ýeňiş
gazanarys!
4
Günäli perişde bilen göreş
Deýzi meniň ilkinji şeýtan täsirinden halas bolmaga kömek edenlerimiň
biridi. Bu 60-njy ýyllarda bolupdy, ol 26 ýaşyndady. Deýzi uniwersiteti
gutaran badyna, onuň ene-atasy aýrylyşdy, bu onuň psihikasyna güýçli
şikes ýetirdi. Geçen bäş ýylyň dowamynda oňa üç gezek paranoidal
şizofren diýip diagnoz goýdular. Deýzi mesihidi we maňa kömek sorap
ýüz tutdy. Meniň bilen gatnaşyp başlanyna üç hepde geçensoň, ol
ahyrsoňy dogumlanyp, ýylanlar hakda gürrüň bermäge başlady.
– Haçanda men ýatanymda, meniň düşegimde ýylanlar süýşüp
başlaýarlar – diýip, ol boýun aldy.
– Şeýle bolup başlanda, sen näme edýärsiň?
– Men ejemiň ýanyna ylgaýaryn. Emma men ýeke galanymda, olar
hemişe dolanyp gelýärler.
– Men saňa näme etmelidigini maslahat bereýin – diýdim.
– Indiki sapar olar ýene görünseler, gaty sesiň bilen: „Siziň ýok
bolmagyňyzy Isanyň adyndan buýruk berýärin“ diý.
– Men muny edip biljek däl, sebäbi men mesihi hökmünde muňa
ýeterlik ösmedim – diýip, Deýzi garşy çykdy.
– Mesihilik ösmegiň bu ýerde hiç hili ähmiýeti ýok – diýip, men
garşy boldum. – Sen Mesihe bolan imanyň arkaly ygtyýarlyga eýesiň.
Sen şeýtany edil men ýaly gitmäge mejbur edip bilersiň.
Deýzi muny etmeli boljakdygyny göz öňüne getirip, ýüzüni kürşdirdi.
– Bolýar, men synanyşyp göreýin – diýip, ol zordan razylaşdy. Bu
ýagdaýy men şu wagt oňa sürgi ýagyny içmäge yran ýaly boldum.
Deýzi indiki hepdede maňa jaň etdi. Trubkadan onuň şatlykly sesini
eşitdim:
– Ýylanlar ýitdiler!
– Örän gowy! Näme üçin sen maňa şol bada jaň etmediň? – diýip, men
soradym.
Günäli perişde bilen göreş
45
– Men olar size-de gelip başlar öýdüp gorkdum. Indi men düşünýän,
bu bir diňe ýalan zat eken.
Birnäçe aýdan Deýzi şeýtan täsirinden bütinleý saplandy we biziň
ybadathanamyzyň çagalar ýygnagynda işlemäge başlady. Eger onuň keseli
diňe fiziologiki bozulmalar bilen ýüze çykan bolsa, ony bejermekde Isanyň
adyndan ýylanlary kowmagyň kömek etmejekdigi aýdyňdy. Emma Deýzi
ruhy keselden ejir çekýärdi, muny psihonewrologiýa keselhanasynda
adaty bäş ýyllyk bejerginiň netijesiniň ýokdugy doly düşündirýär.
Häzirki zaman dünýäde şeýtanyň we onuň arwah-jynlarynyň täsiri
hakyndaky gürrüňe doly geçmezden öň, ruhy dünýäniň üstünden size
Mesihde berlen hökümdarlygyňyza aýdyň düşünmegiňiz zerurdyr. Resul
Ýakup şeýle ýazdy: „Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň, ol
sizden gaçar“ (Ýakup 4:7). Emma siz oňa garşy durmasaňyz, ol gaçmagy
pikir hem etmez. Eger siz gorkuda gözüňizi ýumsaňyz we sandyraýan
sesiňiz bilen: „Hudaýym, bir zatlar et“ diýseňiz, onda erbet ruhlar
munuň bilen saklanmaýarlar. Iman bilen Mesihde eýe bolan ygtyýarlyk
düşünjäňize esaslanyp, siz şeýtana garşy berk durmalysyňyz.
Mesihiň hökümdarlygynyň alamatlary
Isanyň Öz şägirtlerini gulluga nähili taýýarlandygyna üns beriň: „Isa on
iki şägirdini bir ýere çagyryp, olara bütin jynlary kowmaga, syrkawlyklara
em etmäge, güýç hem ygtyýar berip, olary Hudaýyň Patyşalygyny wagyz
etmäge, syrkawlara şypa bermäge ýollady“ (Luka 9:1, 2). Isa şägirtleriniň
Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edenlerinde we kesellileri sagaldanlarynda,
şeýtan güýçleriniň olara garşy toplanjakdyklaryny bilýärdi. Hut şonuň üçin
hem Isa olara arwah-jynlaryň üstünden hökümdarlyk berdi.
Soňrak Ol wagyz etmek üçin 70 şägirdini ýollanda, olar şatlykly habar
getirdiler: „Ýa Reb! Seniň adyňy agzanymyzda, jynlar hem bize boýun
bolýarlar“ diýdiler (Luka 10:17). Isanyň bu 70 şägirdi öňden ruhy taýdan
taýýarlykly bolup, gullukda arwah-jyn güýçlerinde biparh garamaly
däldigine düşünýärdiler. Olar arwahlaryň Rebbe gürrüňsiz boýun bolýan­
dyklaryny görseler-de, olaryň üstündäki öz hökümdarlyklaryna, mümkin,
biraz şübhelenendirler. Muňa garamazdan, şägirtler gorkudan üstün
çykmagy başardylar we erbet ruhlaryň üstünden ajaýyp ýeňiş gazandylar.
Emma welin, Isa olaryň täsin geň galmaklaryny köşeşdirdi: „Ine, size
ýylanlary, içýanlary we duşmanyň bütin güýjüni depelemäge ygtyýar
46
Gandaly döwýänçi
berdim, hiç zat size zyýan ýetirmez. Ýöne ruhlaryň size boýun bolmagyna
däl-de, atlaryňyzyň Gökde ýazylmagyna begeniň“ (Luka 10:19, 20). Isa
ýetmişleri wagyz etmek üçin iberdi, emma olar yzlaryna gelenlerinde
diňe arwah-jynlary kowmak hakynda aýtdylar. „Arwah-jynlar bilen göreş
– bu iň esasysy diýip pikir etmäň“ diýip, Ol garşylyk görkezdi. „Iň esasy
zat, Hudaýyň Patyşalygy, Hudaýa gulluk etmekdir“.
Örän möhüm duýduryş. Siz garaňkylyk patyşalygynyň üstünden
hökümdarlyk etmegi öwrenýänçäňiz, ruhy azatlyk üçin özüňiz hakda
ökde göreşiji bolmak höwesi dörär. Muňa üns bermegiňiz bilen Injilde
siz diňe şeýtan hakyndaky taglymaty görüp başlarsyňyz, dünýäde bolsa
diňe şeýtan güýçleriniň ýüze çykmagyny görersiňiz. Emma halas bolmak
azaşmaklyga düşünmek bilen däl-de, diňe hakykat biliminiň üsti bilen
amala aşýar. Eger siz Mesihe iman etmedik bolsaňyz we Hudaýyň
çagasy bolmaýan bolsaňyz, onda sizde hiç hili hökümdarlyk bolmazdy.
Näme edýändigiňizden öň özüňiziň kimdigiňize düşünmelisiňiz.
Ýeňmek hukugy we ukyby
Isa Öz şägirtlerine arwah-jynlaryň üstünden hökümdarlyk berşi ýaly, güýç
hem berdi. Bu düşünjeleriň arasyndaky tapawut näme? Hökümdarlyk – bu
edýän hereketiňe berlen hukuk. Polisiýanyň köçe hereketlerine gözegçilik
etmäge hukugy bar, sebäbi hökümdarlyk alamaty üçin – aýratyn ýyldyzjyk
dakynýar. Isa hem Öz şägirtlerine hökümdarlyk nyşanyny berdi. Bu –
Onuň ady, munuň bilen şägirtler arwah-jynlary kowup bilýärler. Mesihiň
şägirtleri bolmak bilen, olaryň ýerde, Gökde ähli ygtyýarlyk Berleniň
adyndan hereket etmäge hukuklary bar (Matta 28:18).
Başga bir tarapdan güýç – hereketi ýerine ýetirmek üçin ukyp.
Sazlaýjynyň hereketi saklamaga hukugy bar, emma onda muny fiziki
taýdan etmäge ukyby ýok. Eger ol öz güýjüne daýanyp, ýoly ýapmaga
synanyşsa, maşynlar ony kakyp geçer. Emma muny etmäge hukugyňyň
ýokdugyna garamazdan, ýoly 10 metrlik beton daşy bilen ýapsaň,
hereket doly ýatar.
Özüni sylaýan ýolbaşçy özüniň tabynlygyndakylardan berlen tabşyrygy
ýerine ýetirmek üçin şol bir wagtyň özünde güýç hem ygtyýarlyk
bermezden olardan jogapkärçilik soramaýar. Isa Öz şägirtleriniň öňünde
Hudaýyň Patyşalygyny jar etmek üçin jogapkärçilik goýdy, şol bir wagtyň
özünde hem olary erbet ruhlary ýeňmeklik üçin hökümdarlyk we güýç
bilen üpjün etdi. Ýogsam arwah-jynlar şägirtlere boýun egmezdiler-de,
Günäli perişde bilen göreş
47
Skewanyň ýedi ogluny edişleri ýaly, olary hem gaçyp gitmäge mejbur
ederdiler (Res. Işl. 19).
Arwah-jynlara garşy ikirjeňlenmek, erbet ruhlaryň özüňizden
güýçlidigine ynanmak bilen siz Deýzi ýaly öz mesihi çagyrylyşyňyzda
ýeterlik kämil däl ýaly görünmegiňiz mümkin. Hakykat Hudaýyň güýji
bolmasa jynlary öz güýjüň bilen ýeňip bolmaýanlygyndan ybarat, siz
muny etmäge Mesihde ukyplysyňyz. Ysraýyllar Jalutdan gorkdular
we onuň bilen söweşmäge ýürek etmediler. Diňe Dawut batyrlanyp,
şeýle diýdi: „Diri Hudaýyň goşunyna gyjalat berer ýaly, bu sünnetsiz
piliştli kim bolupdyr?“ (Şamuweliň 1-nji kitaby, 17:26). Dawut piliştliler
bilen söweşip, ýeňiş gazandy. Bu oňa nädip başartdy? Ol Hudaý bilen
deňäniňde Jalutyň – hiç zatdygyna düşündi, beýleki ysraýyllar Jaluty
özleri bilen deňeşdirdiler we gorkudan üstün çykyp bilmediler. Ruhy
garşydaşyň bilen duşuşanyňyzda, şuny ýatda saklaň: haçanda siz Isa
bilen bolsaňyz, güýç hemişe siziň tarapyňyzdadyr.
Adamlar köplenç meniň gara güýçler bilen göreşimdäki üstünliklerim
bilimiň, çagyryşyň ýa-da aýratyn şahsy häsiýetleriň üsti bilen düşün­
dirilýändir öýdýärler. Emma bu düýbünden beýle däl. Kiçijik çaga-da,
garry aýal-da ruhy çäklerde edil mendäki ýaly ygtyýarlyga eýedirler. Biz
tene däl-de, Mesihe bil baglamalydyrys (Fil. 3:3).
Boýun egmegi talap ediň
Isanyň ady bilen jynlaryň özlerine boýun egmekleri şägirtler üçin
hakyky ylham boldy (Luka 10:17). Grekçe asyl nusgada „boýun egmek“
sözi „hupotasso“ işligi bilen berlen, ol harby terminologiýasy bilen
baglanyşykly. Bu işlik esgerleriň öz komandirlerine boýun boluşlary ýaly
tabyn bolmagy aňladýar.
Mümkin ilkinji şägirtler hem häzirki köp mesihiler ýaly azaşmaklyga ýol
berendirler. Biz köplenç Hudaýyň Patyşalygy bilen şeýtanyň patyşalygyny
garşylyklaýyn söweşýän iki häkimiýeti göz öňümize getirýäris. Iki
patyşalyk hem gaty güýçli, biz bolsa olaryň arasyndaky söweş meýdanynda
ýerleşýän ýalydyrys. Şeýle günler bolýar, bir gün Hudaý ýeňýär, bir gün
şeýtan. Biz howsala düşüp, kimiň ýeňiş gazanjakdygyny aýdyp bilmeýäris.
Wagyz etmekden dolanyp gelen şägirtler zatlaryň hakyky ýagdaýyny
görmegi başardylar. Ruhy ygtyýarlyk – ýagşylyk bilen ýamanlygyň
arasyndaky ýaryş däl-de, buýruk bermek hukugydyr. Isa ýerde, gökde
ähli ygtyýarlyga eýedir (Matta 28:18), şoňa görä şägirtlerine ony Özi
48
Gandaly döwýänçi
beren bolsa, biz hem muňa eýediris (Luka 10:17). Biz Isa boýun egýäris,
erbet ruhlar bolsa Onuň ady bilen bize boýun egýärler. Olar – ruhy
iýerarhiýada aşaky basgançakdyr. Edil täze gelen esgeriň generala gämi
hajathanalaryny arassalamagy buýurmaga hukugynyň bar bolşy ýaly,
olaryň hem sizi ezmäge şo hili hukugy bardyr.
Näme üçin garaňkylyk patyşalygy bu dünýä we mesihileriň durmuşyna
şeýle güýçli täsir edip bilýär? Eger gysgaça aýtsak, esasy gürrüň
ýalançylykdadyr. Şeýtan Hudaý tarapyndan ýeňlendir we Oňa hakykatda
garşy çykyp bilmeýär, emma oňa hakyky ygtyýarlygy edinendigini size
ynandyrmak başartsa, özünde aslynda bar bolşy ýaly siziň üstüňizden
hökümdarlyk eder! Size garaňkylyk patyşalygynyň üstünden ygtyýarlyk
berildi, emma siz muňa ynanmasaňyz, ol sizde bolmaz hem.
Men güýçli jyn uran aýal bilen işleýän wagtym, jynlaryň üstünden berlen
ygtyýarlygymyzyň hakykatyna göz ýetirdim. Biziň duşuşygymyzyň birinde
ol duýdansyz oturgyjyndan turup, haýbat atyp, maňa tarap ýöredi. Munuň
örän daýaw aýaldygyny aýtmak gerek, şol pursat men biziň söweşimiziň
adamlara garşy däldigine begendim, ýogsam maňa gaty erbet boljakdy.
Men garşylyk görkezmäniň fiziki usulyndan peýdalanman, onda
ornaşan erbet ruha ýüzlendim (şol wagt aýal özüne-özi gözegçilik
etmeýärdi), men Ýahýanyň birinji hatyna (5:18) esaslanyp, şu sözleri
aýtdym: „Men Hudaýyň çagasy, şeýtan maňa el gatyp bilmez. Men
saňa oturmagy buýurýaryn“. Ol dikilen gazyk ýaly bolup durdy, soň
öz ýerine dolandy. Men Mesihdäki öz ygtyýarlygymdan peýdalanman,
gorkynyň hereket etmegine ýol beren bolsam, onda fiziki urgudan gaçyp
gutulyp bolmazdy. Emma men ygtyýarlyk bilen güýji bolmadyk arwah
gozgalaňynyň soňuna nokat goýdum we proseduralaryň üsti bilen bu
aýaly gutarnykly halas bolmaklyga getirdim.
Bu ýagdaý mesihiniň gorkaklygyna daýanyp, arwahyň salan howpunyň
mysalydyr. Biz özümize erk etmek (saklanmaklyk) bilen şeýtana garşy
durmalydyrys, bu bolsa Mukaddes Ruhuň miwesi bolup durýar (Galat.
5:23) we Mesihe bolan ynamymyzyň netijesidir. Fiziki garşy durmakdan
gaçmalydyrys, sebäbi söweş ýaragymyz – dünýewi däldir (2 Korintos. 10:4).
Häzirki zaman dünýäsinde Isanyň ygtyýarlygy we güýji
Häzir siz şunuň ýaly pikir edýän bolmagyňyz mümkin: „On iki we ýetmiş
şägirdine ygtyýarlygy Isanyň Özi berdi, bu bir iş. Emma bu häzirki
Günäli perişde bilen göreş
49
zamanda ýaşaýan biz – başga bir iş. Biz hem hut Mesihiň Özüniň gulluga
iberen adamlaryndaky ýaly ruhy ygtyýarlyga dawa edip bilýärismi?“
Gürrüňsiz! Mundan başga-da, Mesihiň ölmegi, direlmegi we göge
göterilmegi, onuň netijesinde Mukaddes Ruhuň guýulmagy arkaly hatda
iň ilkinji şägirtlere garanda hem has beýik ruhy güýçlere eýediris. Olar
Mesih bilen boldular (Mar. 3:14, 15), biz bolsa Mesihde ýaşaýarys.
Bu hakda Pawlus efeslileriň ybadathanasyna ýazan hatynyň ilkinji
setirlerinde ýazýar. Biziň iman boýunça Mesihe satyn alnandygymyz
hakda onuň näçe gezekler aýdandygyna üns beriň (kursiw goşulan):
Bize Mesihde her hili ruhy pata bilen Gökdäki älemlerde pata
beren Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy hem Atasyna alkyş bolsun!
Ol Öz öňünde söýgüde mukaddes, müýnsüz bolmagymyz üçin,
dünýä gurulmazdan öň bizi Mesihde saýlady (3, 4 aýatlar). Bizi
Öz ýagşy niýetli islegine görä, Mesih arkaly öňünden Özi üçin
ogullyga belledi. Onuň bütin akyldarlyk we düşünje bilen üstümize
bolelin ýagdyran merhemetiniň baýlygy saýasynda, biz Mesihde
Onuň gany arkaly gutulyşa, ýazyklarymyzyň bagyşlanmagyna
eýediris (6‑8 aýatlar). Ol Mesihde öňden bellän ýagşy niýetine
görä, Öz isleginiň syryny açdy. Bu taslama görä, wagty dolanda,
Hudaý Gökde hem ýerde bolan bar zatlary Mesihde birleşdirer
(9, 10 aýatlar). Herki zady Öz isleginiň karary boýunça emele
getiren Hudaýyň maksadyna görä öňünden bellenip, Mesihe
öňden umyt baglan biz Onuň şöhratynyň tarypy üçin ýaşar ýaly,
Onda saýlandyk. Siz hem hakykat sözüni, gutulyşyňyzyň Hoş
Habaryny eşidip, Oňa iman getireniňizde, wada edilen Mukaddes
Ruh bilen Onda möhürlendiňiz (11‑13 aýatlar).
Pawlus okyjylaryň hiç haýsynyň pikirinden bularyň sypyp gaçmazlygyny
isledi, şonuň üçin hem ol biziň eýeçilik edýän zatlarymyzyň barysy – bu
direlen Mesih hem Onuň Mukaddes Ruhy bilen biziň aramyzdaky gurnalan
ýakyn şahsy gatnaşygymyzyň netijesidir diýip, birnäçe gezek belläp geçdi.
Iman boýunça Mesihde biziň eýeleýän baýlygymyzy görkezmek bilen,
resul mesihiler üçin çyn ýürekden dileg edýär:
„Munuň üçin, Reb Isa bolan imanyňyzy, ähli mukaddeslere bolan
söýgüňizi eşidelim bäri, siziň üçin dyngysyz şükür edip, sizi
dogalarymda ýatlaýaryn. Rebbimiz Isa Mesihiň Hudaýy, şöhratly
50
Gandaly döwýänçi
Ata Özüni tanamakda size akyldarlyk hem ylham ruhuny bersin
diýip doga edýärin. Onuň çakylygynyň beren umydyny, mukad­
deslerdäki mirasynyň şöhratly baýlygyny, biz iman edenlerde
bolan güýjüniň biçak uludygyny biler ýaly, ýüregiňiziň gözleri
aýdyňlansyn diýip doga edýärin. Bu güýç Mesihi ölümden direldip,
Gökdäki älemlerde Öz sagynda oturdanynda Hudaýyň Onda
işleden güýçli gudratynyň işleýşine meňzeşdir“ (Efesl. 1:15‑20).
Näme üçin Pawlus biziň ýüregimiziň gözleriniň aýdyňlaşmagy üçin
dileg edýär? Biziň betbagtlygymyz Mesihde bir zatdan mahrum
bolmagymyz däl-de, iman boýunça Onda nämä eýedigimizi bilmezligimiz
we düşünmezligimizdir. Eger biz görmeýän, düşünmeýän bolsak, onda
Mesih arkaly hukukly bolan azatlygyny duýup, doly derejeli durmuşynda
ýaşap bilmeýäris. Kynçylyk göklerde oturan Mesihiň „häkimiýet
güýçlerinden“ ulanmaga hakymyzyň ýoklugynda däl-de, özümiziň şahsy
ýalňyşlygymyzyň bolany üçin muny berjaý etmeýänligimizdedir. Biz
Mesihiň garaňkylyk patyşalygynyň üstündäki ygtyýarlygyndan aktiw
ulanýançak, ruhy ýesirlikde galarys.
Mesihiň ygtyýarlygynyň çäksizligi
Bu hatyň birinji babynyň 19‑23‑aýatlarynda Pawlus biziň Mesihdäki
ygtyýarlygymyzyň gözbaşyny suratlandyrýar. Ol bu gözbaşdan
akýan güýjüň Isanyň ölümden direldip, Ony Atanyň sag gapdalynda
oturdandygyny görkezýär. Bu gözbaşyň üýtgeşik güýjüni beýan etmek
üçin Pawlus dört grek sözüni ulanýar: gudratlylyk (dunamis), hereket
(energeia), hökümdarlyk (kratos), güýç (ischuos). Isa Mesihiň direlmegi
Hudaýyň Sözünde ýazylyşy ýaly Hudaýyň iň gudratly işi bolup durýar.
Indi Isany direlden we şeýtany ýeňen şol güýç, erbetlik bilen göreşmäge
her bir mesihi üçin elýeterlidir.
Pawlus Mesihiň ygtyýarlygynyň çäksizdigini bilmegimizi isleýär:
„Mesih her hökümdarlykdan, ygtyýarlylykdan, gudrat we häkimiýetden,
diňe bir şu döwürde däl, eýsem, geljek döwürde-de tutuljak her atdan has
belentdir“ (Efesl. 1:21). Islendik ähmiýetli syýasatçyny, iň güýçli harby
ýolbaşçyny, iň howply terroristi ýa-da mafiozy göz öňüne getirip görüň.
Halkyň içinde howp salan taryhdaky beýik şahsyýetleri ýada salyň.
Şeýtan hakynda we onuň baş bolmagynda ýygnanan ähli garaňkylyk
ruhlary barada pikir ediň. Bularyň hemmesiniň üstünden olar üçin
Günäli perişde bilen göreş
51
ýeňilmez Mesih otyr. Onuň hökümdarlygy olaryňka garanda soňsuzdyr.
Garaňkylyk täsirinden halas bolmagymyz üçin, Ol ony bize berýär.
Men özümize ähli keselleriň üstünden ygtyýarlyk berlendigini tassyk­
lamaýaryn. Bu ygtyýarlygy resullar edinipdiler. Biz ruhy keselleriň
üstünden hökümdarlyk edýäris. Bakteriýalaryň we wiruslaryň üsti bilen
dörän keselleriň üstünden hökümdarlyk etmek mümkinçiligi gaty jedellidir.
Görşüňiz ýaly, biziň ygtyýarlygymyz ruhy sferalar bilen çäklendirilen.
Ygtyýarlygy gowşurma
Pawlus indi mesihileriň ygtyýarlygy Mesihden alýandygy baradaky
möhüm hakykaty gürrüň berýär (1:19). Bu nähili bolup geçýär? Pawlus
muny eýýäm görkezipdi, ýagny ygtyýarlygyň we güýjüň gelmekdäki
esasy hadysasy haçanda Hudaý Mesihi ölümden direldip, Ony gökde
ähli atlardan ýokarda oturdanda bolup geçdi (1:19‑21). Mundan soň
ol adamyň halas bolmazyndan öňki günäli ýagdaýy barada atalyk
belliklerini edýär (2:1‑3). Onsoň Pawlus gös-göni biziň Mesihden alýan
ygtýarlygymyzyň mowzugyna ýüzlenýär:
„Emma rehime baý Hudaý bizi çäksiz söýgi bilen söýýänligi üçin,
ýazyklarymyz zerarly öli hem bolsak, Mesih bilen bilelikde direltdi.
Siz Onuň merhemeti bilen gutuldyňyz. … Mesih Isada bizi Onuň
bilen direldip, Gökdäki älemlerde oturtdy“ (Efes 2:4‑5, 7).
Pawlus Mesihiň ölümden direlmegi (1:20) mesihileriň ruhy ölümden
direlmegini aňladýandygyny görkezmek isledi. Biz „Mesih bilen“
bilelikde direldik (2:5, 7). Mesihiň ölümden direlmegi we biziň ruhy
Direlişimiz – ikisi bir wagtda bolan wakadyr. Çünki baş (Mesih) we
beden (Onuň Ybadathanasy) bir wagtda direlendigi logika laýyk ahyryn.
Mundan başga-da, Mesihe doly ygtyýarlylygyň gowşurylmagy we
Onuň Atasynyň sagynda oturmagy (Efes 1:20, 21) bize hem munuň
berlendigini aňladýar, çünki biz – „Mesih bilendiris“ (2:5). Bularyň bary
anyk taryhy Direliş pursaty amala aşandan soň mümkin boldy (takm.
b.e. 29-njy ý.). Biz „ýazyklarymyz sebäpli ölüdik“ (2:5), emma Mesihi
kabul eden pursatymyzdan Hudaý bize hemme zady, 2000 ýyl bäri
adamzada degişli peşgeşi berdi. Hudaýyň çagalary diýlip atlandyrylmak
we ruhlaryň üstünden hökümdarlyk etmek hukuklaryna kem-kemden
ýa-da soňra eýe bolmaýarsyňyz, çünki bularyň bary eýýäm size bu gün
52
Gandaly döwýänçi
degişlidir. Häziriň özünde siz Hudaýyň diri ruhy çagalarysyňyz. Edil şu
wagt siz Mesih bilen gökde oturýarsyňyz. Edil şu wagt siz garaňkylyk
patyşalygynyň üstünden ähli ygtyýarlyga eýesiňiz.
Pawlus bu hakda başga bir hatynda, Koloselilerde hem ýazdy: „Siz
hem ähli hökümdarlyk, ähli häkimiýetler başy bolan Mesihde kämillige
gowşansyňyz“ (Kolos. 2:10). Mesihileriň kämillige gowuşmaklaryna
üns beriň, bu amala aşan hakykat. Bu haçan bolup geçdi? Isa Mesihiň
ölmeginiň, direlmeginiň we göge galmagynyň prosesinde bolup geçdi.
Eger Mesih ähli ruhy hökümdarlygyň we häkimiýetleriň başy bolýan
bolsa, biz hem Onuň bilen bile gökde oturýarys, onda biz hem bu
ygtyýarlygy ulanmaga hukuk alýarys.
Koloselilere hat kitabynda Pawlus Mesihiň ölüminiň, direlmeginiň
we göge galmagynyň netijesinde ýene bir möhüm zady görkezýär:
„Hökümdarlaryň, häkimiýetleriň elinden erkini aldy, olary haçda ýeňip,
açykdan-açyk paş etdi“ (15‑aýat). 2000 ýyl mundan öň Halasgär bizi
diňe bir direltmän, eýsem şeýtanyň elinden ýaragyny hem aldy. Şeýtanyň
ýeňilmegi gelejegiň işi däl-de, amala aşan hakykatdyr.
Şeýle sorag ýüze çykýar: eger Mesih şeýtanyň elinden ýaragyny alan
bolsa, onda näme üçin şeýtanyň üstünden gazanýan üstünligimiz doly
ýeterlik däl? Ýene-de şu sözi ýatlamaly bolýarys: ýalan. Iblis arlaýjy arslan
kimin aýlanyp, ejizlere howp salýandyr. Hakykatda bolsa ol gyýakdan
hem, dyrnakdan hem mahrum bolandyr. Şeýle bolsa-da eger oňa sizi
yzyňyza öwürmäge yrmak başartsa, onda ol sizi dolandyryp biler, ýagny
isleýän maksadyna ýeter. Ol sizi diňe aldaw ýoly bilen ýeňip biler.
Mesihdäki mesihilere garaňkylyk güýçleriniň üstünden berilmeli
ygtyýarlygyň hakyky maksady bu dünýäniň üstünden kimiň hökümdarlyk
edýändigini görkezmekden ybaratdyr. Efeslilere hatda Pawlus indi
şeýle ýazýar: „Mesihiň akyl ýetmez baýlygyny milletlere wagyz etme,
bar zatlary Isa Mesih arkaly ýaradan Hudaýdaky ezelden gizlin syryň
nähili düzgünleşdirilişini ähli adamlara aýdyňlaşdyrma merhemeti ähli
mukaddesleriň iň ähmiýetsizi bolan maňa berildi. Bu – Hudaýyň köp
taraply akyldarlygy, Onuň başlangyçdan Rebbimiz Isa Mesihde edinen
maksadyna görä, imanlylar ýygnagy arkaly asmandaky älemde bolan
hökümdarlara, ygtyýarlara bildiriljek bolup edildi“ (3:8‑11).
Mesihde gazanan ýeňşimizi „hökümdarlara we ygtyýarlara bildirmek“
bize başardýarmy? Köp gatnaşyklarda gaty bir beýle däldigi düşnüklidir.
Biziň köpimiz öňkimiz ýaly arwah-jynlaryň we olaryň hökümdarynyň,
ygtyýarynyň bardygyna ynanmaýarys. Eger biz garaňkylyk patyşalygynyň
Günäli perişde bilen göreş
53
bardygyna ynanmasak, ýogsam Hudaýyň Sözi hem ol hakda aýdýar,
onda bu dünýäde öz rolumyzy nädip ýerine ýetirip bileris? Köp kişi
şeýtanyň öňünde gorkudan basylyp, kömek sorap, Hudaýy çagyrýarlar.
Hudaý muňa jogap berýär, Ol bizi şeýtandan goramak üçin ähli zady
etdi – garaňkylyk patyşalygynyň üstündäki ähli hökümdarlygy Mesihde
mekan tutanlara geçirdi. Diňe gözüňi açyp seretmek we zatlaryň
hakyky ýagdaýyny görmek galdy. Öz mümkinçilikleriňe ser salyp, alan
ygtyýarlygyňy durmuşda ulanmaga başlamaly.
Ygtyýarlyk etmäge sizde ähli zerur zatlar barmy?
Ruhy ygtyýarlygy peýdaly ulanmak üçin näme etmeli? Mesihiniň
garaňkylyk güýçleriniň üstündäki ygtyýarlygy onuň ruhy kämilligine
baglymy? Eger ýok bolsa, onda näme üçin erbet güýçleriň üstünden
garaýan ygtyýarlygymyz özümiziň isleýşimiz ýaly aýdyň däl?
Ruhy dünýäniň hökümdarlarynyň we ygtyýarlarynyň üstünden
garaýan biziň ygtyýarymyzyň peýdaly bolmagy azyndan dört şerte
baglymyka diýýän.
1. Ynanmaklyk. Ömründe birinji gezek köçä çykyp, ýol hereketini
dolandyrmaly ýaş awtoinspektory göz öňüne getiriň. Ol okaýan döwri
gözegçiden diňe dogry yşarat etmek talap edilýändigi we sürüjiler hem
oňa doly boýun egjekdigi hakynda köp gezek eşidipdi. Emma ýokary
tizlikde barýan maşynlary görende, täze işgär aljyraýar – görkezýän
yşaratlary ynamsyz bolýar, jürlewüginiň sesi zordan eşidilýär. Maşynlar
golaýdan geçseler-de, ony görmeýän ýaly. Şeýle gözegçiniň ygtyýarlygy
onuň ynamsyzlygy gowşadýar.
Tejribeli professional adam işe başlanda, hemme zat başgaça görünýär.
Ol ýagdaýa ünsli baha berýär we ynam bilen ýoluň ortasyna çykyp,
jürlewügini çalýar, elini galdyrýar, sürüjiler şol pursatda onuň görkezmelerini
ýerine ýetirýärler. Ol maşyn akymyndan baş alyp çykjakdygyna ýekeje-de
şübhelenmeýär, sebäbi ol öz ygtyýarlygyna doly ynanýar.
Ruhy dünýäde ýagdaý şunuň ýalydyr: eger siz öz ygtyýarlygyňyza
ynanmasaňyz, onda size ony ulanmak başartmaz. Eger siziň ynamyňyz
gowşak bolsa, onda oňa garaýşyňyz hem gowşak we ynamsyz bolar.
Eger siz Mesihiň özüňize beren ygtyýarlygyny aýgytly ulansaňyz, onda
bu zerur hereketiň netijesini berer.
Bir ýaşlar ruhanysy bilen örän gyzykly waka bolup geçdi, ol garaňkylyk
54
Gandaly döwýänçi
güýçleriniň üstünden berlen ygtyýarlygyna öz ynamyny barlap gördi. Ol
öz ýaş hossarlyk edilýänleriniň biriniňkide myhmançylykda boldy we
otagda erbet ruhuň bardygyny duýdy. Ene-atalar öýde ýokdy. Onuň
gelen bu maşgalasy mesihidi, emma uly dogany günäde ýaşaýardy
(ýalan sözleýärdi). Ruhany maňa jaň etmegi ýüregine düwdi.
– D-r Anderson, men toparymyzdan bir oglan bilen otagda otyrdyk,
onuň gyz jigisi hem bardy. Ine, birdenkä arwah-jynyň bardygyny duýduk.
Biz gorkduk we beýleki otaglary hem barlamak kararyna geldik. Bir
otagda gyzgynlyk beýlekilere garanda 20 gradus aşakdy. Men bu ýerde
bir zadyň näsazdygyna derrew düşündim.
– Onsoň sen näme etdiň? – diýip, men soradym.
– Men gaty ses bilen: „Bolýar, men seniň bu ýerdedigiňi bilýärin.
Bize görün“ diýdim. Birdenkä diwarda duran surat 90 gradus tersine
öwrüldi. Mundan soň men gowusy size jaň etmegi ýüregime düwdüm.
Näme üçin meniň ýaş dostumyň arwahlaryň üstünden berlen ygtyýar­
lygyna ynamy gowşadyka. Şunuň ýaly haçan hem bolsa siz erbet ruhlar
bilen ýüzbe-ýüz çaknyşmaly bolsaňyz, onda olaryň üstünden berlen ygtyýar­
lygyňyzy ulanmagy başarmalysyňyz. Siz ony Isanyň ady bilen ýeňmelisiňiz.
Ertesi güni men bu maşgala bilen duşuşdym, şol sanda ýaş ýigit bilen
hem, onuň ýalançylygy erbet ruhlara öýüň gapysyny açypdy. Biz dileg
etdik, şondan soň maşgalanyň başy hökmünde öýde ruhy ygtyýarlygy
kakasy öz eline aldy.
Mundan iki gün soň, öýde erbet ruhlaryň hiç hili alamaty bolmady.
Üçünji gün duşman mümkin maşgalanyň ruhy ygtyýarlygyna bolan
ynamyny synap görmegi karar edendir. Kiçi gyzy ýarygije oýandy we
gapynyň aşagyndan gelýän üýtgeşik yşygy gördi. Ol ene-atasynyň ýanyna
gaçmak isledi, emma gapyny açmaga gorkdy. Soňra birnäçe gün mundan
öň biziň eden dilegimiz ýadyna düşdi, ol öz ynamyndan peýdalandy we
gapyny açdy. Ýagtylyk derrew ýok boldy we gaýdyp dolanmady.
Mümkin siz özüňizi „täze başlan“ mesihi saýýan bolmagyňyz ahmal,
garaňkylyk güýçlerine buýruk bermek agyrdyr. Şeýle ýagdaýda ýatda
saklaň, Isa – bu erbetlik bilen söweşde iň tejribeli Urşujydyr we siz
Onda ýaşaýarsyňyz. Erbet ruhlaryň üstünden berlen ygtyýarlygyňyza
bolan ynamyňyzy berkidiň, Hoş Habarlarda bize berlişi ýaly olar bilen
söweşmek endiklerini öwreniň.
2. Boýun egmeklik. Boýun egmeklik ähli gatnaşyklarda özüňi mynasyp
däl hasaplamagy aňlatmaýar. Men boýun egmekligi hem diňe dogry
Günäli perişde bilen göreş
55
düşünmek bilen ynamlylyk hasaplaýaryn. Meselem, garaňkylyk
güýçleriniň üstünden öz ygtyýarlygyňy boýun egmeklik bilen ulanmak,
onuň bize Mesihiň üsti bilen berlendigine düşünmekligi aňladýar,
biziň özümiz ony eýeläp bilmeýäris. Isa Öz ygtyarlygyny ulanmakda
utanmady, emma muny boýun egmek bilen etdi, hemişe Atanyň islegi
boýunça hereket etdi.
Tekepbir adam şeýle pikir edýär: „Meniň özüm şeýtana garşy
durýaryn“. Ýalan boýun egmeklige eýe bolan adam başgaça oýlanýar:
„Şeýtana garşy duran bu Hudaýdyr. Men hiç zat etmedim“. Hakyky
boýun egýän adam şeýle pikir edýär: „Men şeýtana Hudaýyň merhemeti
boýunça garşy durdym“. Mesihsiz biz hiç zat edip bilmeýäris (Ýahýa
15:5), emma bu bizden hiç zat talap edilmeýändigini aňlatmaýar. Biz
öz ygtyýarlygymyzy boýun egmek bilen ulanýarys, biziň güýjümiziň
gözbaşy – Mesihdigini boýun alýarys.
3. Batyrgaýlyk. Mukaddes Ruh bilen dolan mesihiler ruhy duşmanlar
bilen söweşde hakyky edermenlik we batyrgaýlyk görkezýärler. Söz
berlen ýurdy eýelemezden öň Reb dört gezek Nun ogly Ýeşuwany
dözümli hem batyrgaý bolmaklyga çagyrýar (Ýeşuwa 1:6, 7, 9, 18). Irki
ybadathananyň wekilleri Iýerusalimde ýalkanyş hakda dileg edenlerinde,
„Doga edip bolanlarynda, olaryň üýşüp duran ýerleri titredi, hemmeler
Mukaddes Ruh bilen dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň sözüni gaýratly
sözlemäge başladylar“ (Resul. Işleri 4:31). Ruhy batyrgaýlyk – bu
islendik ybadathana başlangyjynyň üstünliginiň girewidir.
Batyrgaýlyga garşydaş häsiýetler – gorkaklyk, howp, ynamsyzlyk.
Hudaýyň muňa nähili garaýandygyny okaň:
„Boldy! Alfa we Omega, başlangyç we soň Mendirin. Men suw­
sana ýaşaýyş suwunyň çeşmesinden mugt suw bererin. Ýeňen,
ine, bulary miras alar. Men onuň Hudaýy, ol-da Meniň oglum
bolar. Emma gorkagyň, imansyzyň, ýigrenjiniň, ganhoryň, zyna­
gäriň, jadygöýüň, butparazyň, bütin ýalançylaryň soňy kükürt
bilen ýanýan ot kölüdir. Ikinji ölüm budur“ (Ylham 21:6‑8).
Görnüşi ýaly gorkaklyga bolan gatnaşyk doly ters many berýär, eger ony
ganhoryň, jadygöýüň, butparazyň günäsi bilen bir hatarda goýsaň, soňy
kükürt bilen ýanýan ot kölüdir. Bu bize öz ygtyýarlygyňy batyrgaýlyk
bilen ulanmaklyga esas bolup gulluk etmelidir! (2 Timot. 1:7).
56
Gandaly döwýänçi
Men köp mesihileriň garaňkylyk patyşalygyndan gorkýandyklaryny
bilýärin. Hatda men Talbota mekdebiniň talyplaryndan şuny eşitmeli
boldum: „Ruhy gapma-garşylyklar boýunça dersleriňize gatnaşmak
iseleýäris, ýöne arwahlar hakyndaky gürrüňler gorkunç“. Hawa, çäkli
bilim dogrudan hem gorkmaklyga getirer, emma çuň bilim halas
bolmaklyga getirýär. Düzgün bolşy ýaly, okuw gutarandan soň, birnäçe
talyplar ýanyma gelip: „Öň bu hakda gürrüň etmäge gorkýardym, indi
bolsa Mesihdäki öz güýjümi bilenimde, meniň üçin hiç zat gorkuly däl“
diýýärler. Garaňkylyk patyşalygyna hut şunuň ýaly garamak gerek.
4. Hudaýyň Patyşalygyna gulluk etmek. Gürrüňini edýän ygtyýarlygy­
myz bize erbet ruhlary gözläp tapmak we olary ýok etmek üçin
berilmeýär. Biziň esasy çagyrylyşymyz – Hudaýyň Patyşalygyna gulluk
etmekdir, ýagny adamlary söýmek, olar hakda alada etmek, wagyz
etmek, okatmak, dileg etmek we ş.m. Haçanda biziň ýolumyzda arwah
güýçleri peýda bolsa, biz olary Mesihiň güýji bilen ýeňýäris. Onsoň
özümiziň esasy işimize dolanýarys.
Biziň eýeleýän ygtyýarlygymyz başga mesihilere bolan gatnaşygymyz
esasynda üýtgäp bilmeýär. Tersine, biz „Mesihe bolan uly hormatymyz
bilen birek-birege tabyn bolmaly“ (Efesl. 5:21). Hudaý ýerde häkimiýetleri
döretdi, olar hökümet strukturalaryny dolandyrýarlar, jemgyýetçilik,
maşgala we ybadathana durmuşyny guraýarlar (Riml. 13:1‑7). Hudaýa
garşy ahlak jenaýatlaryny etmäge mejbur edýänçäler, biz bu ýerdäki
häkimiýetlere tabyn bolmaga borçludyrys.
Netijede — erkinlik
Haçanda biz batyrgaýlyk bilen, ýöne boýun egijilikli Mesihiň özümize
ruhy dünýä degişli beren ygtyýarlygyny ulananymyzda, Halasgäriň söz
beren azatlygyny gazanýarys (Ýahýa 8:32). Düzgün bolşy ýaly, bu
azatlygy diňe mesihi maslahatçysyndan alyp bilersiňiz. Muňa dünýewi
psihologiýanyň ähli serişdelerini gözden geçiren, emma öz öňünde goýlan
tabşyrygy çözüp bilmedik dostum göz ýetirdi.
Barra (meniň dostumyň ady) Kristi atly bir gyz agyr nerw ýagdaýyndan
şikaýat edip ýüz tutdy. Çagalygynda onuň agyr zorlanmakdan soň ejir
çekendigi belli boldy. Barri oňa maşgala we sosial ugurdaky çäklerden
çykman kömek etmek isledi, ýöne hiç zat başa barmady. Kristiniň oňa
ýüz tutan pursatyndan bäri dört ýyla golaý wagt geçdi, ýöne onuň
Günäli perişde bilen göreş
57
ýagdaýy gowulaşmady. Barri öz pasiýentine ýene näme kömek etjegini
bilmän, ony meniň ýanyma getirdi.
– Aýtsaňyzlaň, siziň çagalyk döwrüňiz dostlaryňyz barmydy? – diýip,
men soradym.
– Biziň köçämizde menden başga ýene ýekeje gyz ýaşaýardy, şonuň
üçin hem biz boýdaş bolduk.
– Onuň maşgalasy barada näme aýdyp bilersiňiz?
Kristi nazaryny ýere dikdi.
– Onuň ejesi täsin zatlar bilen meşgullanýardy – diýip, Kristi pyşyrdap
diýen ýaly aýtdy
– Ol şemleri ýakyp, haýwanlary gurbanlyk edýärmidi?
– Hawa.
Men Barra seretdim we geň galmakdan gözlerini giňden açandygyny
gördüm. Dört ýylyň dowamynda Kristi bir gezek hem özüniň jadygöý
goňşusy bilen ýaşandygyny aýtmandy. Bu hakda soramak onuň kellesinede gelmedi, gyz hem muny gürrüň bermegiň gerekdigini bilmedi. Köpler
şunuň ýaly zatlary ýatlamaga utanýarlar hem psiholog muňa çynlakaý
garamaz öýdüp gorkýarlar.
– Bu däp-dessur ýerine ýetirilýärkä, sizden eşikleriňizi çykarmagyňyzy
talap etdilermi?
Kristi başyny atdy.
– Ol ýere başga adamlar, aýallar we erkekler hem gatnaşdylarmy? Olar
hem eşiklerini çykaryp, siziň bilen we biri-birisi bilen jyns gatnaşygyny
etdilermi?
Kristi ýene-de başyny atyp makullady.
Kristiniň goňşusy soňra başga ýere göçüpdir, emma häzirki güne çenli
jadygöý her gün gije oňa görnüpdir we olar gepleşipdirler. Bu hakda
bilenimden soň, men proseduralaryň üsti bilen ony halas bolmaklyga getirdim,
ol Mesihdäki öz ygtyýarlygyny görkezdi we bütin durmuşyny yzarlan erbet
ruhlardan halas boldy. Olar käwagt dolanyp geldiler, ýöne diňe Kristi kalbynda
gowşaklyk duýup, „men göreşmekden ýadadym“ diýende şeýle bolupdyr.
Haçanda ol berk garşylyk görkezende, erbetlikden halas bolupdyr.
Şeýtan siziň Mesihde gazananyňyzy eliňizden alyp bilmeýär. Ol diňe
aldaw ýoly bilen sizi yzyňyza yryp biler, bu siziň ynamyňyzda nähili
bolsa, ruhy garşylyk görkezmegiňiziň netijesinde hem şeýle ret ediji
bolar. Şonuň üçin hem men resul Pawlusyň yzy bilen (Efes. 1) siziň üçin
şeýle dileg etmekçi: iman boýunça Isa Mesihde haýsy ygtyýarlyga we
güýje eýedigiňize gözüňiziň açylmagy üçin dileg edýän. Omyn.
5
Isa size kömek eder
Meniň ýolbaşçylyk edýän konferensiýalarymyň birinde maňa Frensis atly
bir aýal hat ýazdy. Onuň hatyny okanymda, onda köp mesihilerde orun
tutan ruhy ýagdaýyň anyk şöhlelenýändigi görünýär. Ine, ol hat:
Hormatly d-r Anderson!
Men siziň dynç günündäki konferensiýaňyza gatnaşdym we
agşamky ýygnakdan soň siziň bilen söhbet etmekçidim, emma
duýdansyz özümi erbet ýarawsyz duýdum. Men şeýle bir erbet
boldum, tas huşumdan gidipdim. Şonuň üçin hem men siziň
bilen gürrüň etmäge garaşman, öýmüze gitdim.
Men siziň kömegiňize mätäç. Men mesihiligi kabul edenimden
soň, meniň durmuşym hakyky betbagtlyga öwrüldi. Men köp
gezekler alkogol we narkotik serişdeler ulandym, olaryň eýýäm
sanyny hem ýitirdim. Birnäçe gezek päki bilen özümi kesdim,
käwagt özüme agyr şikes ýetirdim. Mende özüme kast etmek
pikiri her hepdede bolýar, meselem men öz ýüregimiň üstünden
pyçak sançmak hakda pikir edýärin. Men masturbasiýanyň
guluna öwrüldim. Bir söz bilen aýdanyňda, özüme gözegçilik
etmegimi doly ýitirdim we bu zatlaryň nädip soňuna çykjagymy
bilemok.
Meniň durmuşym daşyndan doly kadaly ýaly görünýär. Meniň
gowy işim, ajaýyp maşgalam bar. Hatda men ybadathanamyzdada orta ýaşly çagalary okadýaryn. Eger siz menden Hudaý
bilen gatnaşyklarym barada sorasaňyz welin, men size hiç hili
gowy zat aýdyp biljek däl. Eýýäm iki ýyl bäri men psihiatrda
bejergi alýaryn. Käwagt meniň betbagtlygymyň sebäbi – agyr
59
Isa size kömek eder
çagalygym bolup durýan ýaly, käwagt bolsa özüm şeýle biderek
adam bolup doglupdyryn öýdýärin.
Men ýagdaýymyň sebäbiniň nämededigini nädip bilerin:
aňymdamy, Hudaýa gulak asman eden günälerimdemi ýa-da
arwah-jyn täsirindemi? Konferensiýanyň dowamynda men siziň
bilen gepleşmek isleýärin. Ýöne men kömek bermeýän bejergi
serişdelerini ulanmak bilen ylalaşmaýaryn.
Frensis
Özüniň betbagtlygynyň sebäbi babatda Frensisiň başdan geçiren şübhesi
– bu arwah-jyn güýçleriniň täsiridigi mälimdir. Men onuň bilen hut şol
hepdäniň dowamynda duşuşdym, dogrudan hem edil öz hatynda beýan
edişi ýaly, betbagt, ruhdan düşen, durmuşdan ýadan aýaly gördüm. Ol
tutuş ýüregi bilen Hudaýa gulluk etmek isleýär, ýöne gara güýçleriň
elinde edil gulak asyjy gurjak ýaly oýnalýar, sebäbi ol şeýtana garşy
durmak üçin Mesihiň özüne beren ygtyýarlygyna düşünmändir.
Frensis ýeňiş üçin ähli zerur zatlara eýedigine, özüniň muny saýlap
bilýändigine düşünip başlan badyna, onuň kalbyndaky görünmeýän
gandallar döwüldi. Ol halas boldy. Frensisiň gazanan azatlygy diňe bir
özüniň durmuşynyň özenini üýtgetmän, eýsem daş-töweregindäki köp
adamlaryň bähbidine hem hyzmat etdi.
Hudaýyň goragynda duruň
Siz hatdaky: „Men mesihiligi kabul edenimden soň, meniň durmuşym
hakyky betbagtlyga öwrüldi“ diýen sözleriň hakykylygyny duýmaga
mejbur bolupmydyňyz? Siz Hudaýyň çagasy bolanyňyzdan soň,
sizde öň bolmadyk duşmanyňyz bolar. Siziň halas bolmazyňyzdan
öň ol size aýratyn bir üns bermeýärdi, sebäbi şeýle hem siz onuň
patyşalygynyň bir bölegidiňiz. Onuň maksady Hudaýyň söz beren
gutulyşyny almazlygyňyzdyr (2 Korin. 4:3, 4). Haçanda siz Mesihe
iman edeniňizde, ol öz maksadyny goýbolsun etmeýär, gaýtam aldaw
ýoly bilen siziň durmuşyňyzy betbagtlyga öwürmäge we Mesihe iman
etmegiň hiç hili gowulyga getirmeýändigine, Hudaýyň Sözüniň bolsa
– aldaw, ýokardan dogulmagyň hem hiç zat aňlatmaýandygyny „subut
etmäge“ niýetlenýär.
60
Gandaly döwýänçi
„Dogrudan hem ynanmakdan näme peýda bar? Kim öň sagdyn aňly
bolup, indi bolsa başyny bela sokmak isleýär?“ – diýip, göwnemän
şübhelenmegiňiz mümkin. Gep siziň durmuşyňyz betbagtlyga öwrülmeli
däldigindedir, siz körlük edip, şeýtanyň we arwah-jynlaryň islegine boýun
egmeli dälsiňiz. Ruhy dünýäden gelen islendik halas bolmadyk myhmany
terk etmegiňiz üçin, Hudaý size ähli zerur zatlary etdi. Diňe size haýsy
güýje eýedigiňizi bilmek we ony batyrgaý ulanmak galýar.
Käbir mesihiler erbet güýçlerden gelýän howpy ulaldýarlar. Olar üçin
arwah-jynlar her künjekde bukulyp, olaryň üstüne çozmaga amatly pursata
garaşýan ýaly görünýär. Şeýle gorky esassyzdyr. Ruhy dünýädäki arwahlar
bilen ýagdaý esasan fiziki dünýädäki mikroblary ýatladýar. Biz ähli ýerde
mikroblaryň we bakteriýalaryň daş-töweregimizi gurşap alandygyny
bilýäris: olar biziň dem alýan howamyzda, iýýän iýmitimizde, hatda
özümizde hem bar. Emma biz ýokuşar öýdüp, hemişe howsalaly gorkyny
başdan geçirýärismi? Ýok, elbetde, diňe bir şert bilen, ol hem biz was-was
däl. Biz özümizi sagdyn duýmak üçin öz iýmeli we iýmeli däl zatlarymyzy
doly bilmeli, gigiýena düzgünlerini berjaý etmeli we stressden gaça
durmaly. Haçanda biz dümewlänimizde ýa-da grip bilen kesellänimizde,
arkaýyn özümizi bejerýäris, soňra öz işlerimiz bilen meşgul bolýarys.
Bu ruhy dünýä gatnaşygynda hem adyldyr. Arwahlar, bular edil
mikroblar ýaly adamlara ýokuşdyrmaga ukyplydyr. Biz olardan gorkmaly
diýip, Mukaddes Ýazgynyň hiç ýerinde aýdylmadyk. Diňe olaryň bardygyny
bilmek gerek we olara garaman dogry ýaşaýyş obrazyny alyp barmaly.
Eger siz çozuşa duçar bolsaňyz saplanyň we kadaly ýaşamagyňyzy
dowam etdiriň. Ýatda saklaň: ol aýdyşlary ýaly beýle gorkunç däl. Arwahjynlar, bular patologiki ýalançylar, şonuň üçin hem olar sizi aldamaga
synanyşýarlar, olar siziň özlerindäki ýok güýçlere ynanmagyňyzy
isleýärler. Emma Mesihde siz olaryň hüjüminden berk goragdasyňyz,
sebäbi arwahlaryň üstünden hökümdarlyk etmäge siziň ygtyýaryňyz bar.
Mesihilik gorag serişdeleri Efeslilere hatda sanalyp geçilýär. Bu parçany
okamak bilen siz, esasan, öz roluňyzyň passiw däldigine düşünmelisiňiz.
Hudaý Özüniň bizi üpjün eden ruhy goragyna aktiw gatnaşmagymyzy
isleýär. Resulyň bizi köplenç garaňkylyk güýçleriniň üstünden nähili aktiw
hereket etmeklige çagyrýandygyna üns beriň (kursiw goşulan):
„Mahlasy, Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň. Iblisiň
hilelerine garşy durup biler ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny
dakynyň. Çünki biziň söweşimiz adamlara garşy däl-de,
Isa size kömek eder
61
hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu garaňky dünýäniň
häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy gudratlaryna
garşydyr. Şonuň üçin ýaman günde garşylyk görkezmegi, zerur
bolan her zady edeniňizden soň, ýeriňizde durmagy başarar
ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny ele alyň“ (10‑13‑aýatlar).
Siziň şeýle pikir edýän bolmagyňyz mümkin: „Eger men Mesih
tarapyndan berk goralýan bolsam we men howpsuzlykda bolsam, onda
näme üçin men şeýtanyň hüjüminden aktiw goranmaly? Men diňe
Hudaýa ynanyp, özümi goramaga Oňa rugsat bersem bolanokmy?“. Bu
esgeriň pikirini ýatladýar, ol hem şeýle pikir edýär: „Biziň ýurdumyz –
dünýäde iň güýçli döwlet. Biziň ýaraglarymyz iň soňky çykan tehnika,
iň çalt uçýan uçarlar we iň güýçli gämiler bizde bar. Näme üçin şunuň
ýaly ýagdaýda demir papak geýip, garawulçylyk çekmeli, ok atmany
öwrenmeli? Bazalarda hormatly dynç alsaň ýeterlik, harby hereketleri
bolsa gämiler we uçarlar alyp barsyn“. Eder-de duşmana baza aralaşmak
başartsa, onuň ilkinji pidasy kim bolar?
Biziň „baş serkerdämiz“ Hudaý bolup, Ol bizi garaňkylyk güýçleriniň
üstünden ýeňiş gazanar ýaly ähli mümkinçilikler bilen üpjün etdi. Ýöne
Ol şeýle duýdurýar: „Men size gurat ýarag bilen güýçli tälim berdim,
eger siz ony jaýdar ulanyp bilmeseňiz, onda men siziň howp astynda
galmajakdygyňyza kepil geçmeýärin“. Jessi Penn Lýuis özüniň
„Mukaddesler bilen uruş“ atly, klassika öwrülen kitabynda şeýle tassyk­
laýar: „Günä etmekden başga-da, adamda erbet ruhuň ornaşmagyna şert
döredýän zat bu gowşaklykdyr, ýagny bu Hudaýyň adamlarda Öz işini
ýerine ýetirmek üçin zerur gerek bolan ýagdaýyň tersidir“.1 Eger siz bu
göreşe özüňiz hem işeňňirlik bilen gatnaşmaýan bolsaňyz, garaňkylyk
güýçleriniň üstünden berlen Hudaýlyk goragyna bil baglamaň.
Ýeňijiniň lybaslary
Esasy gorag serişdesi ruhy lybaslar (ýaraglar) bolup durýar, Hudaý bizi
bulary ulanmaklyga çagyrýar. Pawlus şeýle ýazýar:
„Şeýlelikde, biliňizi hakykat bilen guşap, egniňize dogrulyk sowu­
dyny geýip, aýaklaryňyza bolsa parahatlyk getirýän Hoş Habary
wagyz etme taýynlygyny geýip, ýeriňizde duruň. Bularyň ählisiniň
62
Gandaly döwýänçi
üstesine-de, iman galkanyny ele alyň! Onuň bilen şeýtanyň bütin
otly oklaryny öçürmegi başararsyňyz. Gutulyş tuwulgasyny,
Hudaýyň sözi bolan Ruhuň gylyjyny alyň“ (Efesl. 6:14‑17).
Hudaýyň ýaragyny dakynanymyzda, hakykatda biz ony Mesihde
dakynýarys (Riml. 13:12‑14). Haçanda biz Mesihde geýnenimizde,
özümiziň şeýtanyň hüjümi üçin gowşak bolan dünýewi sferasyndan ruhy
dünýä geçýäris, ol ýerde şeýtan bize degip bilmeýär. Şeýtanyň Mesihde hiç
hili erk-ygtyýary ýokdur (Ýahýa 14:30), şonuň üçin hem biz Mesihde nähili
ýaraglanan bolsak, şeýtandan hem şol derejede goraglydyrys (1 Ýahýa
5:18). Ol diňe öz derejesindäkilere el gatyp biler. Hut şonuň üçin hem
bize teniň höweslerini kanagatlandyrmak meýillerine öwrülmezligimiz
aýdylýar (Riml. 13:14), ýagny şeýtan bilen bir derejede ýaşamaly däldiris.
Biziň dakynan ýaraglarymyz
Biz „guşamak“, „dakynmak“, „geýmek“ ýaly işlikleriň hal işlik formasynda
durandyklaryny görýäris („guşap“, „dakynyp“, „geýip“), şonuň üçin hem
ýaragyň bölekleriniň eýýäm özümizde ýerleşýändigini aýdyp bileris. Biliňi
hakykat bilen guşap, dogrulyk sowudyny geýip, Hoş habary dünýä wagyz
etmek taýýarlygy haçanda biz Isa Mesihi kabul eden pursatymyzdan
ýaragymyzyň bir bölegi boldy. „Hatara duruň!“ diýen buýruk biz
geýnenimizden soň berilýär. Bu dolulygyna logikidir. Her bir esger öz
borjuny ýerine ýetirmezden öň, iň azyndan kemer dakynar, göwresini bir
zat bilen gorar we aýagyna aýakgap geýer.
Hakykat guşagy („… biliňizi hakykat bilen guşap“). Isa: „Men
hakykatdyryn“ diýdi (Ýahýa 14:6). Şoňa görä, eger Mesih sizde
ýaşaýan bolsa, onda siz hem hakykata eýesiňiz. Emma dogry saýlaw
etmek hemişe aňsat däl. Eger şeýtanyň baş ýaragy ýalan bolsa, onda
„hakykat guşagy“ ýaragyň ähli böleklerini saklaýan ýerinde hemişe
hüjüme sezewar bolýar. Eger şeýtana sizi hakykat ýolundan azaşdyrmak
başartsa, onda siz „hakykat guşagyny“ ýitirýärsiňiz we şeýatnyň çozuşy
üçin ýeňil nyşana bolarsyňyz.
Hakykatda durmak – Hudaýyň Sözi bilen ähli pikiriňi we işiňi
barlamaklygy aňladýar. Eger siziň kelläňize Mukaddes Sözde aýdylýan
zat bilen ylalaşmazlyk pikiri gelse, ol hakda ýatdan çykaryň. Eger size
hakykatyň garşysyna bir zat etmek ýa-da aýtmak mümkinçiligi berilse,
Isa size kömek eder
63
siz muňa höwes bildirmekden gaça duruň. Ýönekeýje düzgünleri berjaý
ediň: ähli hakykat zatlara gatnaşmaly, ýalan zatlardan gaçmaly.
Siz her gün hakykatda ýaşamagy öwrenseňiz, onda hakykata bolan
söýgüde ösersiňiz, size hiç zady gizlin saklamak gerek bolmaz. Indi size
Hudaýdan we adamlardan gizlenmegiň geregi ýok, siziň ähli edýän zat­
laryňyz yşykda edilýär. Mundan başga-da, hakykatda ýaşamak bilen siz
ýalanyň atasy şeýtanyň ýalançylygyny paş edip bilersiňiz (Ýahýa 8:44).
Ýatda saklaň, eger şeýtan öz sözleriniň hakykatdygyna sizi yrmagy başarsa,
onda siziň pikirleriňizi we hereketleriňizi kontrollyk etmek oňa aňsat bolar.
Isa öz şägirtleri hakynda Ata şeýle dileg etdi: „Olary dünýäden
almagyňy däl-de, ýamanlykdan goramagyňy dileýärin“ (Ýahýa 17:15).
Nädip? „Olary hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr“
(17‑aýat). Şeýtanyň ýalançydygyny diňe Hudaýyň ylhamynyň kömegi
bilen açyp bolar; ynsanyň pikir ýöretmeleri muňa kömek etmez.
Dogrulyk sowudy. Gutulyş pursatynda siz Hudaýyň öňünde aklandyňyz.
Sizdäki dogrulyk özüňiziňki däl-de, Mesihiňkidir (1 Kor 1:30, Fil. 3:8, 9).
Şonuň üçin hem şeýtan size şübhe okuny ýagdyranda („günäliligiň
bilen özüňi mesihi atlandyryp bilmersiň“), oňa resul Pawlusyň sözleri
bilen jogap beriň: „Hudaýyň saýlanlaryny kim aýyplar? Olary aklaýan
Hudaýdyr“ (Riml. 8:33). Iman boýunça Mesihde gazanan dogrulygyňyz
– ine, mesihilik mertebesini ýitirmekdäki aýyplamalara siziň goragyňyz.
Biz iman boýunça dogrulyga şatlansak-da, pikirimizde, sözümizde we
işimizde nädogry hereketler edýändigimizi ýatdan çykarmaýarys. Biz
käwagt günä edýän mukaddeslerdiris. Dogrulykda berk durmak – ynanç
düzgünleriňi bilmegi we ulanmagy aňladýar.
Hudaý tarapyndan günäni seljermek serişdesi Ýahýanyň birinji
hatynda beýan edilen: „Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar, adyldyr.
Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar“ (1:9). Günäňi
toba etmek diňe bir bagyşlanmagyňy soramagy aňlatmaýar. Toba etmek
(grekçe „gomologeo“) – boýun almagy, ylalaşmagy aňladýar. Aýdalyň,
atasy oglunyň maşyna daş zyňyp duranyny görüpdir. Ol hökman oňa:
„Maşyna daş zyňmak gadagan. Bu nädogry“ diýer. Ogly hem diňe
bagyşlamagyny sorap jogap berer, eýsem bu hakyky toba etmeklikmi?
Ýok, ol: „Maşyna daş zyňmak erbetlik. Men nädogry edipdirin“ diýen
sözleri aýdýança, toba etmez.
Günä edeniňizde, siz muňa gynanýarsyňyz, ýöne bu Hudaýyň öňünde
siziň toba etmegiňizi aňlatmaýar. Siz günäňize diňe ony Hudaýyň görşi
64
Gandaly döwýänçi
ýaly göreniňizde toba edýärsiňiz. „Men azgynçylyk hakda pikir edipdirin
– bu günä“. „Irden men aýalym bilen gödek gürleşdim, bu günä“. „Men
bu wezipä gedemlik bilen çemeleşdim, gedemlige meniň durmuşymda
orun bolmaly däldir“.
Şeýtan siziň toba etmegiňize ähli güýji bilen päsgel berer; ol durmuş
Kitabyndan siziň adyňyzyň öçürilendigini, eýýäm giçdigini aýdyp, sizi
yrmaga synanyşar. Bu nobatdaky ýalandyr. Siz – Mesihde, şonuň üçin siz
eýýäm bagyşlanan. Siz iman boýunça Mesihdäki Hudaýyň dogrulygyny
edinensiňiz (2 Korintos. 5:21) we Ol sizi hiç wagt taşlamaz. Goýberilen
günäler Hudaý bilen siziň aragatnaşygyňyza hiç hili täsir etmez, sizi
gutulyşdan mahrum etmez, emma olar gündelik durmuşyňyzda ýeňiş
gazanmagyňyza päsgel berer. Eden günäňize toba etmeklik – dogrulyk
miweleriniň ýüze çykmak mümkinçiliklerini döredýär. Biz Pawlusyň
özi hakdaky aýdan göreldesine eýermeli: „Şonuň üçin hem Hudaýyň,
hem-de adamlaryň öňünde elmydam sap wyždanly bolmaga çalyşýaryn“
(Resul. Işleri 24:16).
Aýaklaryňyza parahatlyk getirýän Hoş Habary wagyz etme
taýynlygyny geýiň. Mesihi kabul eden pursatyňyzda, siz Şöhrat
Patyşasy bilen birleşýärsiňiz. Siz eýýäm Hudaý bilen ýaraşdyňyz (Riml.
5:1), indi siziň ýüregiňizde Mesihiň parahatçylygy höküm sürmegi
möhümdir, bu hem diňe şu ýagdaýda, ýagny Mesihiň Sözüniň özüňiz
bilen bolmagyna rugsat bereniňizde mümkin bolar (Kolos. 3:15, 16).
Parahatlyk aýakgaplary mesihileriň arasynda parahatlygy döretmäge
gulluk edeniňizde, şeýtanyň hilelerinden goragyňyz bolup durýar (Riml
14:19). Parahatlygy döredijiler adamlary birleşdirmäge ukyplydyrlar,
olary biri-biri bilen gatnaşmaklyga we öýke-kinelerini bagyşlamaklyga
çagyrýarlar. Örän köp sanly mesihiler umumy taglymaty gatnaşygyň
esasy hasaplaýarlar, bir tarapdan olaryňky dogry. Eger biziň ynamymyz
dürli-dürli bolsa, islenilmeýän gapma-garşylyklar ýüze çykyp biler.
Emma gatnaşygyň özeni umumy taglymatyň birligi däl-de, mirasyň
umumylygydyr. Biziň hemmämiz Hudaýyň çagalarydyrys, bu bolsa
ýaraşmak üçin hem, birleşmek üçin hem ýeterlik bolmalydyr. Eger siz
gatnaşygy doly birmeňzeş garaýşa bagly edip goýsaňyz, onda bütinleý
ýalňyz galarsyňyz. Akyl-paýhasyň birligine eýermegiň deregine, ýaraşyga
aktiw gatnaşmak bilen Ruhda birligi gazanmaga çalşyň (Matta 5:9; Efes.
4:3). Bize: „Parahatlyk Hudaýy haý diýmän, şeýtany aýaklaryňyzyň
astynda mynjyradar“ (Riml. 16:20).
Isa size kömek eder
65
Galan lybaslar
Pawlus şeýtan çozuşyndan goranmaga biziň üçin zerur bolan başga üç sany
ýaragy ýatladýar: iman galkany, gutulyş tuwulgasy we Hudaýyň Sözi bolan
Ruhuň gylyjy. Öňki düzülen lybaslar iman boýunça bize Mesihde berilipdi;
beýleki üçüsi bolsa bize şeýtan bilen söweşde ýeňiş gazanmaga kömek eder.
Iman galkany. Ýaýran pikire garamazdan imanda hiç hili gizlin syr
ýok. Injil imany – bu diňe Hudaýa we Onuň Sözüne ynanmakdyr.
Hudaýy we Hudaýyň Sözüni näçe çuň tanasaňyz, siziň imanyňyz şonçada uly bolar. Imanyňyz näçe az bolsa, iman galkanyňyz hem şonça kiçi
bolar we şeýtanyň otly oklaryna maýyl bolmak hem aňsat bolar. Iman
galkanymyzyň uly hem berk bolmagy üçin, biz hemişe Hudaýy we Onuň
Sözüni tanamakda ösmegimiz gerek (Riml. 10:17).
Şeýtanyň otly oklary – bu diňe bir aňyňy ýalançylyk, töhmet, günä
bilen gabamakdyr. Bu oklardan Hudaý we Onuň Sözi hakyndaky hakykat
bilen goranyň. Isa hem şeýtanyň synagyndan Hudaýyň Sözüni ulanmak
bilen gorandy. Haçanda siz Injilden aýatlar ýat tutanyňyzda, wagyzlary
diňläniňizde ýa-da Mukaddes Sözi öwrenmeklige gatnaşanyňyzda, öz
iman galkanyňyzyň ölçegini ulaldýarsyňyz.
Gutulyş tuwulgasy. Eger iman galkany sizi şeýtanyň oklaryndan
goramaga ukyply bolmasa, ýeňşi her gün gazanyp bilmersiňiz, onda
gutulyş tuwulgasynyň ebedilik ýeňşi kepil geçýändigine ynanyp
bilersiňiz. Tuwulga kelläni, ýagny ruhy söweşiň bolup geçýän ýerini
goraýar, siziň üçin çykyş dürli hili bolup biler: şowly hem şowsuz. Her
gün dünýä, ten we şeýtan bilen söweşip, siziň gutulyşyňyzyň ruhy urşuň
netijesine bagly däldigine ynamyňyzy saklaň. Siz ondan hiç bir ýagdaýda
hem mahrum bolmarsyňyz. Siz – Hudaýyň çagalarysyňyz we Mesihiň
söýgüsinden sizi hiç zat aýryp bilmez (Riml. 8:35).
Ruhy söweşde bolýan adamlar, özleriniň gutulyşyna we mesihilik
mertebesine şübhelenmäge ýakyndyrlar. Şeýtan siziň gündelik durmuşyňy­
zyň dowamynda ýeňiş gazanmagyňyza päsgel bermäge ukyply bolsa-da,
Mesih bilen gatnaşygyňyzy hiç hili bozup bilmeýändigine düşünmegiňiz
gerek. Muňa garamazdan, ol siziň Mesihde däldigiňize yryp biler, hakykatda
siz gutulyşdan mahrum bolmasaňyz hem, muňa laýyklykda ýaşarsyňyz.
Mesihi söweşiji Baş Isa Mesihiň ýeňiş güýji bilen özüniň halas
bolandygyna, geýnen we ýaraglanandygyna göz ýetirmek bilen gutulyş
66
Gandaly döwýänçi
tuwulgasyny geýýär. Dünýäde ýerleşmek bilen ol bu dünýäniň hökümdaryna
degişli bolan ýat territoriýada ýerleşýär (Ýahýa 12:31; 1 Ýahýa 5:19).
Biz entek fiziki bedende ýaşaýarkak, duşman düşelgesinde ýerleşýäris.
Emma biz Mesih bilen birleşendigimiz sebäpli, şeýtan biziň üstümizden
hökümdarlyk etmeýär, çünki Reb bizi „garaňkylyk häkimliginden gutaryp,
Öz söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçürdi“ (Kolos 1:13). Gutulyş
tuwulgasy bize şeýtanyň üstünden ahyrky ýeňşe ynam berýär.
Ruhuň gylyjy. Hudaýyň Sözi – Hudaýyň bize beren ýeke-täk hüjüm
ýaragydyr. Pawlus „Söz“ diýen sözi aňlatmak üçin grekçe „logos“ dälde, „rema“ sözüni ulanypdyr, bu ýerde Isa Mesihiň şahsyýetindäki
şahsyýetlendirilen Mukaddes Söz däl-de, Hudaýyň Sözüni sesli aýtmak
diýen görnüşli netijä gelmek mümkin. Biz Hudaýyň hakykatyny sesli
aýtmak bilen özümizi goramalydyrys.
Näme üçin Hudaýyň Sözüne diňe ynanmak ýa-da ol hakda pikir etmek
ýeterlik däl-de, ony sesli aýtmak möhüm? Sebäbi şeýtan – ýaradylan
zat – siziň näme hakda pikir edýäniňizi bilmeýär. Ol muny diňe size
syn etmek bilen anyk kesgitläp bilmegi mümkin, emma siziň pikiriňizi
okamaga ukyply däl. Şu sebäpli hem ol siziň näme etjek bolýanyňyzy, ony
ýerine ýetirýänçäňiz, öňden anyk görüp bilmeýär. Ol sizi haýsam bolsa
bir pikire ynandyrsa, siziň ony kabul etjegiňizi ýa-da ýüz öwürjegiňizi
ynam bilen aýdyp bilmeýär.
Men siziň aňyňyza bu kitabyň sözleri arkaly täsir etmäge çalyşýan.
Emma men siziň pikirleriňizi okap bilmeýärin. Şeýtan hem şunuň ýaly:
ol sizi kesgitli bir pikire ynandyryp biler, emma siziň näme hakda pikir
edýäniňizi bilmez. Eger siz şeýtana garşy durmak isleseňiz, muny açyk
etmelisiňiz, şonda ol düşünip, gaçmaga başlar.
Şeýtana degişli iki sany giň ýaýran azaşmaklyk bolup, bu onuň
adamyň pikirlerini okap bilmeginden we gelejegi öňden görmekden
ybaratdyr. Telepatiýa we öňdengörüjilige bolan dalaşgärlik okkultizmiň
dürli görnüşleriniň ýüze çykmasyna mahsusdyr. Emma siziň pikirleriňiz
we niýetleriňiz bir Hudaýa mälimdir, diňe Ol gelejegi bilýär. Diňe
Hudaýda bolan häsiýetleri şeýtanyň adyna ýazmagyň geregi ýok.
Siz Hudaý bilen aňyň we ruhuň derejesinde gatnaşyp bilýärsiňiz,
sebäbi siziň pikirleriňiz we islegleriňiz olar döremezden öň Oňa mälimdir.
Şonuň üçin hem „içiňden“ dileg etmek – bu doly manysynda Hudaý
bilen pynhan gepleşikdir; şeýtan munuň mazmunyny bilmeýär we
bilmegi-de başarmaýar. Emma bu sebäpden hem siz ony öz aňyňyzdan
Isa size kömek eder
67
kowup çykaryp bilmeýärsiňiz, ol sizi eşitmeýär. Siz şeýtany Hudaýyň
hakykatyny sesli aýtmak bilen ýeňip bilersiňiz. Bu ýerde položitel pursat
çozuşlaryň köpüsiniň gije ýa-da siziň ýeke wagtyňyz bolup geçmegidir,
şonuň üçin hem, siziň sözleriňiz töwerekdäkilerde geň galma döretmegi
nägümanadyr. Muňa garamazdan, sizden köpçüligiň içinde duşmana
garşy durmak talap edilse, muny, aýrtayn hem Isa Mesihi Reb hökmünde
agzyň bilen ykrar etseň, bu ýagdaýy çözse bolar (Riml 10:9).
Gorky maňa hiç wagt çynlakaý howp bolup görünmändi, emma
bir gün gije men gaty gorkup oýandym, munuň bolmagyna hiç hili
görünýän sebäp ýokdy. Gorky şeýle bir güýçlüdi welin, men onuň
şeýtandan gelýändigini derrew düşündim. Men kellämi ýassykdan
aýyrman, Ýakubyň hatynda beýan edilen gutulyşyň iki basgançakly
prosedurasyny geçirdim: „Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy duruň,
ol sizden gaçar“ (Ýakup 4:7). Men şeýtanyň sözlerimi eşitmeýändigini
bilip, içimden çyn ýüregimden Hudaýa dileg etdim: „Rebbim, men Seniň
merhemetiňe doly boýun egýärin. Sen – meniň Hudaýym“. Soňra men
„Isa“ diýip, gaty ses bilen gygyryp, şeýtana garşylyk görkezdim. Gorky
şol pursatyň özünde menden gitdi. Men ertire çenli rahat ýatdym.
Meniň bilen başga hem bir ýagdaý bolup geçdi. Men gutulyş we Hoş
Habar barada wagyz bilen çykyş etmekçidim, bu oblastlarda şeýtanyň
käbir mekirliklerini görkezmek isledim. Irden suwa düşüp çykanymda,
bug bolan aýnanyň ýüzünde geň simwolyň şekili ünsümi özüne çekdi.
Aýalym we çagalar entek ýatyrdylar, şonuň üçin hem bulary olaryň
çekmegi mümkin däldi. Bulary özümiň hem çekmändigime ynanýardym.
Muny eden şeýtanyň eliniň işidigini göz öňüne getirmek galýardy, ol
otly oklarynyň kömegi bilen meniň etjek wagyzlaryma päsgel bermek
isleýärdi. Men simwollary polotensa bilen süpürdim.
Men naharhana bardym we ertirlik edinmäge başladym. Ine,
birdenkä men elimde agyry duýdum: ol ýerde iki sany uly bolmadyk
dişlenen ýara bardy. „Siziň bar oňarýan zadyňyzmy şu?“ diýip, men
gatydan aýdyp, maňa çozuş eden garaňkylyk güýçlere ýüzlendim. –
Aýnadaky belgiler, kiçijik dişlenmek meniň wagyz etmegime päsgel
berer öýdüp pikir etdiňizmi? Meniň öýümden ýok boluň. Şondan soň
hiç hili başagaýlyk bolmady we men wagyzlarymy hiç bir päsgelçiliksiz
okadym.
Fiziki güýç ruhy göreşde ýeňiş gazanmaga kömek edip bilmez
(2 Korin. 10:4). Diňe Rebbiň güýji bilen erbet ruhlary gaçyryp bilersiňiz.
Ygtyýarlyk – bu gaty ses bilen aýdylan Hudaýyň sözüdir.
68
Doganyň gorag güýji
Gandaly döwýänçi
Meniň bilen bile seminar geçirýänlerimiň biriniň ejesi psihiatr bolup
işleýär. Bir gezek ol şeýle sorag bilen ýüz tutupdyr:
– Jim, aýtsana, heý, sen men hakda dileg edýäňmi?
– Hawa, elbetde, – diýip jogap berdi.
– Haýyş edýän, mundan beýläk, muny beýtme. Bu meniň auramy
bozýar – diýdi.
Dileg etmek hökmandyr! Biz dilegiň täsirine doly düşünip bilmeýäris,
emma biz Hudaýa ýüz tutmagymyzy Onuň Öz Patyşalygyny ýerde
ornaşdyrmak üçin ulanýandygyna ynanyp bileris.
Iň täsirli gutulyşyň birini, şeýtanyň ybadathanasynda beýik ruhany­
çylyk wezipesini ýerine ýetirýän adamda görmek miýesser etdi. Ol halas
bolanyna alty aý geçeninden soň, biziň ybadathanamyzda öz şaýatlygy
bilen çykyş etdi. Çykyşyndan soň men oňa şu soragy berdim:
– „Beýleki tarapda“ alan tejribäňe esaslanyp, erbet ruhlardan mesihi­
likde goranmak usullarynyň haýsysyny iň möhüm diýip atlandyrardyňyz?
– Dileg – diýip, ol pikir etmezden jogap berdi. – Dileg edeniňizde, her
bir sözi duýuň. Çyn ýürekden dileg etmeklik şeýtana garşy durmaklyga
ähli zatdan gowy kömek edýär.
Dileg näme? Bu Hudaý bilen gatnaşyk bolup, munuň üsti bilen
biz özümiziň Oňa baglydygymyzy görkezýäris. Hudaý şeýtana garşy
durmagymyz üçin, biziň nämä mätäçdigimizi özümizden gowy bilýändir.
Ol biz aýtmazdan öň ähli zat hakynda bilýär. Emma biz dileg bilen
özümiziň Oňa garaşlydygymyzy ýüze çykarýançak, Hudaý hereket edip
başlamaýar. Dilegimizde biz şeýle diýýäris: „Reb – Sen, men däl. Maňa
näme gerekdigini Sen gowy bilýärsiň. Men Saňa näme etmelidigiňi
aýtmaýaryn, men soraýaryn. Özümiziň Saňa doly baglydygymyzy boýun
alýaryn“. Dileg biziň durmuşymyzda Hudaýyň täsirini mümkin edýär.
Bize Hudaýyň ýaraglaryny dakynmagy görkezme bermek bilen, Pawlus
ýene şuny ýazýar: „Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň.
Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda hüşgär
boluň“ (Efesl. 6:18). Men „ruhda dileg etmegiň“ näme aňladýandygyny
anyk düşündirip bilemok, emma biz kyn ýagdaýdakak, näme hakda dileg
etmelidigini bilmeýän wagtymyz Hudaýyň Ruhunyň kömek edýändigini
bilýärin: „Ruh hem ejizligimizde bize kömek berer, çünki biz nähili
doga etmelidigimizi bilmeýäris, ýöne Ruhuň Özi aýdyp bolmaz iňňildiler
bilen biziň üçin töwella eder“ (Riml. 8:26). Bu aýatdaky „kömek berer“
Isa size kömek eder
69
sözi (grekçe sunantilambano) Mukaddes Ruhuň dileg etmekde berýän
kömegini çeperlik bilen beýan edýär. Ol bize durmuşdaky kyn döwürlere
döz gelmekde söýgi bilen kömek edýär.
Ruhy aň ýetiriş hakynda dileg
Ruhy gapma-garşylykda ýeňiş gazanmak üçin dileg etmek babatda
birnäçe ýörite zerurlyklar bar. Birinjiden, ruhy kör mesihi dälleriň halas
bolmagy hakynda dileg etmeli, olary şeýtan baglap goýupdy (2 Korin.
4:3, 4). Teodor Epp bu hakynda şeýle ýazýar: „Eger şeýtan olaryň
ýüregini kör edip, baglap goýan bolsa, olar nädip halas bolsunlar? Bu
ýagdaýda olara siz we men kömek etmeli. Biz güýçlini daňmaly, şonda
onuň ýesirlikde saklaýanlaryny halas ederis… muny dilegiň kömegi bilen
edip bolar…“ 2
Dileg – ruhy körlük bilen söweşde esasy ýaragymyzdyr. Resul Ýahýa
şeýle ýazýar: „… Onuň islegine görä bir zat dilesek, Ol dilegimizi eşider.
Onuň her dilegimizi eşidýändigini bilýän bolsak, onda Özünden dilän
dilegimizi aljakdygymyzy-da bilýändiris“ (1 Ýahýa 5:14, 15). Soňra biziň
mesihi däller üçin dileg etmegimizi sargaýar (16‑aýat). Biziň mesihi
dälleriň halas bolmagy üçin dilegimiz ygtyýarly bolmalydyr we muňa
olaryň ruhy körlükden hem gutulmaklary baradaky haýyş hem girmelidir.
Resul Pawlusyň göreldesine eýerip, biz mesihileriň iman boýunça
Mesihde gazanan ruhy güýçlere, ygtyýarlyklara we goraga degişlilikde
mukaddes bolmaklary hakynda dileg etmelidiris. Entek şeýtana biziň
Mesihdäki mirasymyza baglylykda azaşdyrmak başartsa, biziň ruhy
ösüşimiz kyn bolar, gullugymyz we şaýatlygymyz bolsa täsirsiz bolar.
Şeýtanyň ýalançylyk perdesiniň gözümizden syrylyp aýrylmagy we ruhy
dünýäni bolşy ýaly görmegimiz üçin, biz biri-birimize üznüksiz dileg
etmelidiris.
Güýçlini daňmak
Mattanyň Hoş Habarynda (12:29) ýatlanylyşy ýaly, ygtyýarly dilegiň
başga bir maksady „güýçli“ bolmakdyr. Şeýtan we onuň arwah-jynlary
hakynda pikir etmek bilen Isa şeýle sorady: „Biri bir güýçli adamyň öýüne
girip, nähili onuň malyny talap biler? Öňürti ony baglamaly bolar, onsoň
öýüni talar“. Reb ilki bilen ezijini ýeňmeseň, adamy ruhy körlükden we
arwah-jyn täsirinden halas edip bolmaýandygyny aýtmak isleýär. Şeýtan
70
Gandaly döwýänçi
eýýäm ýeňlen, emma biz Isa Mesihiň oňa degişlilikde özümize beren
ygtyýarlygyny ulanmasak, ol öz ýesirleriniň birinden hem daşlaşmaz.
Dilegimizde biz Hudaýyň öz gullugymyza goşulmaklyga yrmaga
çalyşmaýarys-da, dilegde biz Onuň gullugyna goşulýarys. Biz wagtlaýyn
şeýtana, kanun boýunça bolsa Hudaýa degişli bolan zady ynam bilen
öz elimize alýarys we sabyrlylyk bilen şeýtanyň gapjamagynyň gowşan
pursatyna garaşýarys. Biz boşatmagyny talap edýänçäk, ol adamlary
ýesirlikde saklar. Talap etmek ygtyýarlygyny bize Mesih berdi.
Fred Dikason „Arwah-jynyň eýelemegi we mesihilik“ kitabynda
şeýtanyň çozuşyna sezewar bolan adam üçin nähili dileg etmelidigi
hakynda birnäçe anyk maslahatlar berýär:
1.Arwah–jynlaryň beýleki arwah-jynlardan we şeýtandan hiç
hili goldaw almazlygy üçin dileg ediň.
2.Arwah-jynlaryň adamyň üstünden edýän gözegçiliginiň
gowşamagy üçin dileg ediň.
3.Adamyň ynamynyň berkemegi üçin, onuň iman boýunça
Mesihde eýeleýän güýjüne göz ýetirip Hudaýyň Sözüne
ynanyp we boýun egip bilmegi üçin dileg ediň.
4.Şeýtanyň ynandyrmalaryndan adamyň öz şahsy pikirlerini
we duýgularyny tapawutlandyrmagy üçin dileg ediň.
5.Adamyň özünde arwah-jynyň bardygyna göz ýetirmegi we
onda beýleki mesihileriň kömegi bilen halas bolmak islegi
üçin dileg ediň.
6.
Hudaýyň Öz çagalaryny goramagy we dogry ýola
gönükdirmegi üçin, Öz perişdelerine şeýtanyň ähli hilelerini
ýok etmegini buýurmagy üçin dileg ediň.3
Birnäçe ýyl mundan öň maňa güýçli bilen söweşde dilegiň täsiriniň
bardygyna öz şahsy tejribämde göz ýetirmek başartdy. Şol wagty men uly
ybadathanalaryň birinde işleýärdim. Nahardan soň ybadathananyň ofisine
dolanyp gelenimde, ol ýerde düýbünden nätanyş bir adamy gördüm. Ol
uzyn boýly, ýigrimi bäş ýaşlarynda, tagtanyň golaýynda durup, oňa bir
Isa size kömek eder
71
zatlar ýazyp, soňam derrew öçürip durdy. Beýleki gullukçylar bu nätanyşa
känbir üns hem bermän, kofe içýärdiler we özara gürleşýärdiler.
– Bu kim? – diýip, men bir gullukçydan sorap gyzyklandym.
– Bilemok. Ol ýöne girdi, bolany.
Hiç kimiň myhman bilen gepleşmäge synanyşmaýandygyna geň
galyp, onuň ýanyna özüm bardym:
– Salam, meniň adym Nil. Meniň saňa kömegim degermikä?
– Aý, bilemok-da – diýip, ol düşnüksiz jogap berdi we heki ýerinde goýdy.
Nätanyşyň görnüşi we özüni alyp barşy onuň köp dozada neşe serişdesini
ulanypdyr diýip pikir etmäge mejbur etdi. Şonuň üçin hem men ony biraz
köçede gepleşmek üçin ilki bilen ybadathanadan daşary alyp çykmaly diýen
karara geldim. Bir sagat töweregi gürrüňdeşlikden soňra men onuň adynyň
Billdigini, maşyn ýuwulýan stansiýada işleýändigini bildim. Men ony
ybadathanamyza gatnamaga çagyrdym. Şeýdip, biz hoşlaşdyk.
Birnäçe günden soň, biz Bill bilen ýene-de duşuşdyk we gepleşdik.
Takmynan iki hepdeden soň, men ýekşenbe güni ybadathanamyzdaky
ofisde agşamky gulluga taýýarlanyp otyrdym. Içki baglanyşdaky telefon
jyňňyrdady:
– Sizi bir ýaş ýigit soraýar – diýip, kätip aýtdy.
– Ony çagyrsaňyzlaň.
Boş gürrüňler üçin mende wagt ýokdy, emma bir zatlar maňa Billiň
ýöne bir gürrüňleşmäge gelmändigini duýdurdy.
– Seniň geleniňe men şat – diýip, men ol gelip oturanda aýtdym.
– Saňa bir şahsy sorag bermek bolarmy? – Bill makullap başyny atdy.
– Sen haçan hem bolsa bir wagt Mesihi öz Rebbiň we Halasgäriň
hökmünde kabul edipmidiň?
– Ýok.
– Sen muny isleýärmidiň?
– Dogrusyny aýtsam, gaty ynamly däl, Nil – diýip, onuň sesinde
gorky äheňi peýda boldy.
Men halas bolmagyň düzgünleri ýazylan kagyzy alyp, ondakylary
sesli okadym. Onsoň şeýle diýip soradym:
– Sen bu ýerde näme aýdylanyna düşünýärsiňmi?
– Hawa.
– Sen bu ädimi häzir ätlemek isleýärsiňmi?
– Hawa.
– Onda men Rebbiň öňünde toba edip, dileg okaýan, sen bolsa diňe
meniň yzymdan gaýtalaý.
72
Gandaly döwýänçi
Gepleşdikmi?
– Gepleşdik.
– Reb Isa, Sen maňa gerek – diýip, men dilegiň ilkinji sözlerini aýtdym.
– Rr-e-e-bb… – diýip, Bill gaýtalamaga başlady, ýöne sakyndy.
Soňra bütinleý dymdy. Men Billiň kalbyndaky üstünde arwah-jynlaryň
ygtyýarlyk edýän bölegine aralaşandygyma düşündim. Olar Billi erkinlige
ibermek islemediler.
– Bill, seniň aňyňda söweş gidýär – diýip, men oňa düşündirdim.
– Häzir men Mukaddes Ýazgydan kesgitli ýerleri okap, daşymdan
dileg etjek. Şeýdip, men şeýtany baglamakçy. Sen özüňi güýçde duýan
badyňa, Isanyň öňünde öz imanyň bilen toba et – diýdim.
Billiň gözlerine seredip, hakykatdan hem onuň kalbynda gazaply
söweşiň gidýändigine ynandym.
Men Mukaddes Ýazgyny okamaga başladym we Billiň iman etmeginde
şeýtanyň böwet bolmazlygy üçin ähli güýjüm bilen dileg etdim. Ruhy
taýdan garşy durmaklyk meniň üçin bir täze zat boldy, şonuň üçin hem
meniň dilegim kän bir asuda çykmady.
Dileg edýänime we okaýanyma 15 minut töweregi geçensoň, Bill
duýdansyz: „Reb Isa, Sen maňa gerek“ diýip, iňňildäp aýtdy. Muny
aýdyp, ol arkasyny kresla berdi we gözlerini ýaşdan dolduryp: „Men
halas boldum“ diýdi. Men ol hakda dileg edenimde bir gezek hem
„gutulyş“ sözüni ýatlamadym; muny onuň özi saýlady.
Biziň dünýämiziň ruhy tebigatyna düşünmek Hoş Habary wagyz etmegiň
taktikasyny (usulyny) ähmiýetli tarapa üýtgetmelidir. Biz köplenç mesihi
dälleri Hudaýa boýun egmäge we mesihilik Hoş Habaryny kabul etmäge
çagyranymyzda, bu dünýäniň daş-töweregindäki gymmatlyklary miras
almaga bendi bolanlary çagyrýan adamlara meňzeýäris. Tussagdakylary
erkinlige çykarmak üçin ilki bilen türmäniň gapysyny açmaly dälmi näme?
Biz güýçlini baglap, onuň tussaglykda saklaýanlaryny halas etmekligi
öwrenmeli. Hudaý bize diňe bir güýçlä garşy durmaga ähli zerur zatlary
bermän, eýsem onuň ýesir edenlerini boşatmak ygtyýaryny hem berdi.
Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň we Hudaýyň ady bilen güýçliniň öýüni
dargatmak üçin Mesihiň ygtyýarlygyny batyrgaý ulanyň.
2
GANDALY DÖW ÝÄNÇI
Göreşiň!
6
Erbet ruhlar bilen
ýüzbe-ýüz bolmak.
„Haý, jyn urmuş, Garri bilen näme boldy?“
Meniň telefonda gepleşen zenanym öň şeýtan ruhanysynyň jorasy
bolupdyr, men bu hakda geçen bapda gürrüň beripdim. Bu şeýtanyň
yzyna eýeren adam Mesihe iman etdi we şeýtanyň agyr gulçulygyndan
halas boldy. Ewilin (meniň gürrüňdeşimiň ady) hemişe Garriniň şeýtan
bilen gatnaşygyny ýok etmegini islese-de, ol onuň durmuşynda şunuň
ýaly özgermelere garaşmandy we muňa düşünip hem biljek däldi. Şonuň
üçin hem ol maňa birnäçe soraglar bermegi ýüregine düwdi.
– Duşuşanymyzda ähli zat hakynda gürrüňleşmäge şatdyryn – diýip,
men aýtdym.
Ewilin ofise giren badyna, men özümi ýaramaz duýdum. Bu aýal
şeýtan ruhanysy bilen diňe bir jyns gatnaşygy arkaly baglanyşykly dälde, onuň tutuş keşbi azdyrmaklyga okgunlylyk hakynda gepleýärdi. Men
hüşgär bolup, seresaplylyk bilen hereket etmek kararyna geldim.
Özi hakynda gürrüň bermek bilen Ewilin özüni mesihi diýip atlandyrdy,
emma meniň muňa ynanasym gelmedi. Men duýdansyz halas bolmak
hakyndaky gürrüňi gozgadym, emma jogaby garaşyşym ýaly, diňe iş
boýunça halas bolmak hakyndaky lenç bolan jümleleri eşitdim. Men
özümiň ýoldan çykan adam bilen iş salyşýandygyma düşündim.
– Biz Garri bilen duşuşanymyzda, ol zenanyň onuň bilen gepleşýän ýeri
bolan katolik ybadathanasyna gidýärdik – diýip, ol gürrüňini dowam etdirdi.
– Siz onuň ýanyna monah aýalyň gelendigini aýtmak isleýärsiňizmi?
– Ýok, ol zenan onuň bilen meniň üstüm bilen gepleşdi.
Birdenkä meniň kelläme bir pikir geldi:
– Siz öz üstüňiz bilen kimdir biri Garri bilen gepleşendigini, muňa
siziň bedeniňizi we sesiňizi ulanandygyny aýtmak isleýärsiňizmi? Ol aýal
jynsyna degişlimi?
Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.
75
Ewilin ylalaşmak belgisi hökmünde başyny atdy.
– Hawa, bu aýaldy, gelip çykyşy boýunça irlandiýalydy.
– Ewilin, Injil ruhlary synagdan geçirmegiň zerurdygyny tassyklaýar.
Siz öň haçanam bolsa bir wagt Garriniň siziň üstüňiz bilen gepleşýän
ruhuny barlap görüpmidiňiz?
– Ýok, nämä gerek?
– Mümkin ony häzir barlap göreris?
– Bolman durmaz?
Meniň gullugymda şunuň ýaly ýagdaýlarda, men ruha adam arkaly
özüm bilen gepleşmäge buýruk berýärdim, ýöne şeýle usul köplenç
adamyň islegine ters bolup, garşy durmaklyga getirýärdi. Käbir adamlar
ruh bilen gepleşýän wagtym huşuny ýitirip ýykylýardylar we özleri bilen
näme bolup geçendigi doly ýatlaryna düşmeýärdi. Kem-kemden men
adamyň bolup geçýän zatlara hökman göz ýetirmelidigine düşündim,
ýogsam ol ondan peýda görüp bilmeýär. Adam şeýtana hut özi garşy
durup, Mesihi kabul etmek ýagdaýynda bolmalydyr.
– Isa Mesihiň adyndan, ruh, men saňa dymmagy we diňe meniň
buýrugym boýunça geplemegi buýurýaryn. Indi Isa Mesihiň adyndan,
Ewilina aýt, seniň adyň näme?
Men Ewiliniň öz eşidýän zatlaryny özüniň aýtmagyny isledim. Onuň
ýüzüniň görnüşi aljyraňňydy.
– Ol özüniň adyna Meggi MakKendell diýýär.
Men öz soragymy Ewilinde ýerleşän ruha berdim, öň men oňa Mesihiň
beren ygtyýarlygy bilen dymmagy buýrupdym. Ruh meniň soraglaryma
özi däl-de, Ewiliniň üsti bilen, ýagny onuň aňyna ýüzlenmek bilen jogap
berdi. Ol aýal onuň sözlerini edil meniňki ýaly aýdyň eşidýärdi, ýöne
gulaklary bilen däl-de, aňy bilen. Soňra özüne doly jogap bermek bilen,
ol ruhuň sözlerini maňa aýdyp berdi.
– Meggi MakKendell, sen näçe ýaşyňda?
– Ruhda ýaş bolmaýar.
– Sen näme üçin geldiň?
– Ruhy söweşde mukaddeslere kömek bermek üçin.
– Ýer planetasynda haçan hem bolsa bir wagt ýaşapmydyň?
– Hawa.
– Sen haçan öldüň?
– Meggi MakKendell Irlandiýada 70-nji ýyllarda öldi – diýip, Ewilin
ruhuň jogabyny ýetirdi.
Eger siz Mukaddes Kitaby bilýän bolsaňyz, meniň mukaddeslere
76
Gandaly döwýänçi
kömek bermek üçin dolanyp gelen Meggi MakKendelliň hakyky ruhy
bilen gepleşmändigime düşünensiňiz. Baý we Lazar hakyndaky Isanyň
gürrüňi (Luka 16:19‑31) ölüler bilen dirileriň arasynda äpet uçudyň
goýlandygyna aýdyň düşünje berýär. Ýaşaýyş bilen ölümi bölýän çyzygy
kesip, hiç kim yzyna gaýdyp bilmeýär.
Şeýle hem Işaýa pygamberiň Hudaýyň halkyna ýüzlenip aýdan sözlerini
ýatlamak bolar: „Size pyşyrdaşýan we hümürdeşýän jyn tutýanlara,
jadygöýlere ýüz tutuň“ diýenlerinde, „Halk öz Hudaýyna ýüzlenmeli
dälmi näme? Her bir ölülerden diriler barada soralarmy?“ diýiň. Kanuna
we şaýatlyga ýüz tutuň! Eger olar bu sözlere laýyk geplemeseler, bu
olar üçin ýagtylygyň ýoklugyndandyr!“ (Işaýa 8:19, 20). Şeýtan bilen
söweşde kömek edýän ýeke-räk Ruh – bu Mukaddes Ruhdur.
Şu pursata çenli men Ewilini öz toruna salan şeýtan bilen iş
salyşýandygymy bilýärdim. Şonuň üçin hem men şeýtanyň aýbyny
açmak üçin öz pikir edişim ýaly şu soragy bermek kararyna geldim.
– Meggi MakKendell, Isa seniň Rebbiň bolup durýarmy?
– Hawa – diýip, Ewilin ruha derek jogap berdi.
Beýle jogap meni aljyratdy. Meniň öňümde Isa Mesihi öz Rebbi
saýýan erbet ruh durdy! Bu soragy men köp ruhlara beripdim, olaryň
käbirleri gazaplanyp, „ýok“ diýip jogap berýärdiler, başga birleri Isa
Mesihi boýun alyp, Onuň bilen gatnaşygy ret edýärdiler. Arwah-jynlaryň
hiç biri Mesihi öz Hudaýy hasaplap, kanagatlanarly jogap bermändi. Bu
ýerden bir netije gelip çykýar: ýa Ewilin eşiden zadyny başgaça aýtdy,
ýa-da men bir zada düşünmedim.
– Isa Mesih bedende geldimi?
– Hawa.
Jogap meni ýene-de garaşylmadyk ýagdaýda goýdy.
Men doly bulaşyk ýagdaýa düşdüm. Men duýgur ýaş aýal bilen
ýekelikde bolup, ýene-de Isa Mesihi öz Rebbi hasaplaýan arwaha duşdum!
Men duşuşygy diýseň bulaşyk ýagdaýda gutardym we Ewilin gitdi.
Ýolda öýe barýarkam, birdenkä meniň kelläme şu pikir geldi: men hem
aldanypdyryn! Hakykatda men arwah-jynyň hakyky „meni“ bilen däl-de,
ýigrimi ýyl mundan öň ölüp giden Meggi MakKendelliň roluny oýnan
arwah-jynyň özi bilen gepleşipdirin. Eger-de men Meggi MakKendelliň
adyndan soraýan bolsam, arwah-jynyň onuň adyndan geplemäge hukugy
bardy, şeýle hem ol Isa Mesihe uýup, toba edip bilýärdi. Indi men
kesekiniň roluny oýnaýan arwah-jyn bilen duşuşanymda, şeýle diýýärin:
„Seniň aýdýan zadyň – ýalan. Sen – erbet ruh“. Onsoň adam ylalaşsa,
Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.
77
proseduralaryň üsti bilen halas bolmaklyga getirýärin. Men arwah-jynlaryň
her hili gürrüňlerinden gaçmagy we olaryň hiç bir sözüne ynanmazlygy
öwrendim. Isa bize duýdurypdy ahyry: „… Ol ýalan sözlän mahaly özözünden sözleýär, çünki ol ýalançy, ýalanyň atasy“ (Ýahýa 8:44).
B u dünýäniň Hökümdary
Meniň Garri, Ewilin we „Meggi MakKendell“ bilen gürrüňdeşligim
ýaly, sansyz arwah-jyn uranlar biziň ýaşaýan dünýämizde şeýtanyň
hökümdarlyk edýändigini doly tassyklaýar. Ilkibaşda Hudaý ýaradylyşy
Adamyň eline berdi, emma günä edip, Adam bu peşgeşden mahrum boldy.
Dünýäniň üstünden hökümdarlygy şeýtan aldy, şonuň üçin hem Isa ony
„bu dünýäniň hökümdary“ diýip atlandyrdy (Ýahýa 12:31; 14:30; 16:11).
Şeýtan Isany synaga salan wagty, Oňa „dünýäniň bütin patyşalyklaryny,
olaryň şan-şöhratyny“ hödür etdi (Matta 4:8), muňa derek dyza çöküp,
özüne sežde etmegini talap etdi. „Men Saňa şularyň hemmesiniň
ygtyýaryny hem şöhratyny bereýin, çünki bular maňa tabşyryldy. Men
olary islänime berip bilýärin“, diýip aýdany ýalan däldi (Luka 4:6).
Şeýtan Adam günä edenden soň, ondan dünýäniň hökümdarlygyny aldy.
Şeýtan dogrudan hem, Halasgäriň haçdaky ölümine çenli günäli adamyň
dünýäsine hökümdarlyk etdi. Isa Mesihiň ölüminden, direlmeginden we
göge galmagyndan soň, ähli hökümdarlyk dolulygyna Onda ýerleşýär
(Matta 28:18). Mesihileri wagyz etmäge ýollamak bilen Reb olara bu
ygtyýarlygy berdi, munuň kömegi bilen olar şeýtanyň işini ýok etmegi
dowam etdirdiler. (1 Ýahýa 3:8).
Biziň hemmämiz bu dünýäde, şeýtanyň öňünde ruhy öli, güýçsüz
doguldyk, Pawlus ony howadaky erbet güýçleriň hökümdary diýip atlan­
dyrdy (Efesl. 2:2). Mesihi kabul etmek bilen biz garaňkylyk häkimliginden
gutaryp, Hudaýyň söýgüli Oglunyň Patyşalygyna göçdük (Kolos 1:13).
Biziň ýerdäki raýatlygymyz gökdäki bilen çalyşdy (Filip. 3:20). Şeýtan
öňküsi ýaly dünýäni dolandyrýar, emma biziň üstümizden hökümdarlygyny
ýitirdi. Biziň üstümizden diňe Mesih hökümdarlyk edýär.
Emma biz entek ýerde ýaşasak, şeýtana degişli territoriýada gezýäris.
Ol hökman bizi öňküsi ýaly özüne boýun egmeklige çalyşýar. Onuň
ýurdundaky biz kesekiler bu rehimsiz zalymyň yzarlamagyna garşy
goraga gaty mätäç bolýarys. Mesih bizi şeýtandan diňe bir goraman,
eýsem ony ýeňmek üçin ygtyýarlyk hem berdi. Ol bize „bütin hakykata
78
Gandaly döwýänçi
tarap ýol görkezýän“ we şeýtanyň hilelerini tanamaklyga kömek edýän
Mukaddes Ruhy peşgeş berdi (Ýahýa 16:13).
Baky durmuş, şeýle hem Hudaýyň ýaraglary eýýäm bize degişli bolsada, biz şeýtanyň maýyl etmegine, aldamagyna we günäkärlemegine garşy
gowşakdyrys. Eger biz maýyl bolmaklyga ýol bersek, onda şeýtanyň
isleginiň ygtyýaryna düşmegimiz mümkin (Gal. 5:1). Eger biz bu
isleg bilen ýeterlik uzak hereket etsek, onda öz üstümizden gözegçilik
etmegimizi ýitirýäris we gara güýçlere doly bagly bolýarys. Hawa, eger
şeýtan aldawyna garşy durmagy başarmasa, mesihi adam hem arwah-jyna
ulaşyp biler. Bu arwah-jynly adamyň mesihi bolmaklygyny bes edýändigini
aňlatmaýar: ol mesihi hem Hudaýa degişli. Emma ölümli bedende ýaşamak
bilen, mesihi şeýtanyň otly oklary üçin oňaýly nyşana bolup biler.
Garaňkylyk patyşalygynyň ýaşaýjylary
Ähli Hoş Habar mesihileri we köp başga liberal pikir edýän mesihiler
şeýtany – dünýäde ähli erbetligi döretmekde jogapkär şahsyýet hasap­
laýarlar. Köp dinler şeýtana hiç hili howaýy güýç hökmünde däl-de, üstünlik
hereket edýän şahsyýet hökmünde ynanýarlar. Muňa garamazdan şeýtan
we onuň arwahlary biziň dünýämizde aktiw hereket edýärler diýip gepläp
başlasaň, köp mesihiler ynanmaýarlar. „Şeýtanyň ýok ýeri barmyka,
emma arwah-jynlar – ýok, bu mümkin däl“ – diýýärler.
Men şübhelenýänlere şunuň ýaly sorag berýärin: „Siziň pikiriňizçe,
şeýtana şunça erbetligi döretmek we tutuş dünýäni aldawa salmak nädip
başardýarka? Nädip ol ähli ýerde bar, ähli zady bilýän, gudratly bolmasada, ýeke özi muňa ukyplyka? Ol şol bir wagtyň özünde hem dünýä ýüzi
boýunça millionlarça adamy ýeke özi aldamaga ukyply däl“. Ol bütin
dünýä boýunça meýillerini amala aşyrmak üçin legion emissarlaryna
(arwah-jynlaryna, erbet ruhlara, günä perişdelerine we ş.m) mätäçdir.
Arwah-jynlaryň we erbet ruhlaryň bardygyna ynanmazlyk (olaryň
öňlerindäki delilsiz gorky bilen deňdir) – şeýtanyň biziň hakykat
hakyndaky pikirlerimizi ýoýmagynyň ýene bir mysalydyr. K. S. Lýuis
özüniň „Hatlardaky habarlar“ atly klassiki kitabynda (Screwtape
Letters) şeýle ýazdy: „Şeýtana adamzadyň iki sany gapma-garşylykly
we birmeňzeş ýalňyşly garaýşy bar. Birinjisi, olaryň bardygyny
inkär etmekden durýar. Ikinjisi, olary kabul etmek we olar bilen
gyzyklanmakdyr. Şeýtan güýçleri iki ýagdaýda hem kanagatlanarly, olar
materialiste hem, jadygöýe hem birmeňzeş şatlanýarlar“.1
Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.
79
Görnüşi ýaly, Hudaýyň halkyny gorkuzýan ruhy güýçleriň iň gowy
beýany Efeslilere ýazylan hatda ýerleşýär: „Çünki biziň söweşimiz
adamlara garşy däl-de, hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy, bu
garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki ruhy
gudratlaryna garşydyr“ (6:12). Käbir mesihiler bu aýatda ýatlanylýan
hökümdarlylar we ygtyýarlylar – bu şeýtan iýerarhiýasynyň ýokary
derejesi däl-de, Hudaýyň ýerdäki hökümdarlygynyň ýaramsyzlarydyr
öýdýärler. Mukaddes Ýazgyda käbir ýagdaýlarda hökümdarlar we
ygtyýarlylar diýip hakykatdan hem ýerdäki hökümdarlyk göz öňünde
tutulýar (Lk. 12:11; Resul. Işl. 4:26), başgalarda – adatdan daşary
güýçlerdir (Kol. 1:16; 2:15; Riml. 8:38, 39). Efesliler 6:12-niň tekstiniň
mazmunyna görä hökümdarlar, güýçler we ygtyýarlyklar diýlip ruhy
dünýäniň bize garşy duran düzümleri pikir edilýär.
Men öňki ruhany-şeýtançy Garrini Mesihe getirenimden soň, ol
şeýtançylaryň işiniň guramalary we ähmiýetleri hakynda maňa köp
gürrüň berdi. Bir gezek ol elli adamdan ybarat şeýtançylaryň bütindünýä
maslahatyna girendigini gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, şeýtançylaryň
guramaçylyk düzümi – dört ugurly bolup, bu Efeslilere hatda beýan
edilen bilen gabat gelýär. Efeslilerde ýatlanylýan „hökümdarlyk“, bu
şeýtanyň köşgüniň şabaşlarydyr, şeýtanyň köşgünde ýedi sany belli şabaş
bar. „Ygtyýarlyga“ ruhanylar, arwahlaryň „harby“ ýolbaşçysy, „dünýäni
dolandyryjylar“ – arwah legionynyň başynda durýan ruhanylar girýärler.
„Erbet ruhlara“ uly bolmadyk ýerli şabaşlaryň derejesi gabat gelýär.
Şeýtançylar guramalary gaty köp sanly bolup, çuň gizlinlikde hereket
edýärler. Şeýle-de bolsa şeýtançylaryň bitiren nobatdaky erbetlik
täsiri hakynda adaty adamyň gulagyna baryp ýetse, onda bu waka
şeýtançylaryň iýerarhiýasynyň ýerli derejesinde bolup geçendigi ahmal.
Polisiýa mälim bolýan we metbugatda beýan edilýän jenaýatlaryň esasy
bölegi – tejribesiz adamlaryň eliniň işidir. Şeýtançylaryň hakyky howply
jenaýaty jemgyýet üçin duýdansyz amala aşyrylýar. Men öz işimde
şeýtançylaryň gizlin gözleglerinden ejir çeken köp adamlara duşdum.
Men olardan önüm öndürijiler hakynda bilýärin: öz çagalaryny ýörite
olara gurbanlyk bermek üçin dogurýan ene-atalar ýa-da olary şeýtana
gulluk etmekleri üçin terbiýelemek, mesihi guramalaryny düýp-teýkary
bilen ýok etmek maksady bilen bu guramalara sümülýän diwersantlar.
Adamlar bilen erbet güýçleriň özara täsiri barada has içgin bilmek üçin
islendik mesihi toparyndan olaryň näçesiniň hiç bir sebäpsiz gije sagat
üçde oýanýandyklaryny soraň. Men bu soragy öz konferensiýalarymda
80
Gandaly döwýänçi
yzygider soraýaryn. Gatnaşýanlaryň takmynan üçden iki bölegi düzgün
bolşy ýaly elini galdyrýarlar. Şabaşlar ýarygije üçe çenli işlerini dowam
edýärler, esasan hem şeýtançylar arwah-jynlara „tabşyryk“ berýärler. Gije
sagat üç – bu arwah-jynlaryň aktiwliginiň ýokary derejesidir, eger siz
şol wagty turup, olaryň çozuşy üçin nyşana bolsaňyz, muňa geň galmaň.
Meniň özüm olaryň çozuşyna köp gezek duçar boldum. Şeýle bolsa-da,
olaryň hileleri meni gorkuzmaýar, sizi hem gorkuzmaly däldir. Resul
Ýahýa bize şeýle diýýär: „… çünki sizde Bolýan dünýäde bolýandan uludyr“
(1 Ýahýa 4:4). Siz şeýtanyň we onuň wekilleriniň üstünden hökümdarlyk
edip bilersiňiz, sizi Hudaýyň ýaragy goraýar. Eger şeýtan siziň garşyňyza
öjükse, „Rebde, Onuň üstün gudratynda güýçleniň“ (Efesl. 6:10). Öz
aladalaryňyzy Rebbe berýändigiňiz hakynda pikir ediň. Şeýtana Hudaýyň
Sözüni daşyňyzdan sesli aýtmak bilen garşy duruň we arkaýyn uklaň. Siz
iman bilen däl-de, tejribe bilen ýolbaşçylyk edeniňizde we Mukaddes Ruh
boýunça däl-de, beden boýunça ýaşanyňyzda aldanarsyňyz.
Şeýlelikde, biz dünýäniň şeýtany we arwahlaryň güýji bilen näme
etmeli? Deň hasap bilen hiç zat! Biz olara kän bir uly ähmiýet berip
durmarys. Biz ähli ünsümizi Hudaýa we Onuň gullugyna gönükdirmelidiris.
Biz Hoş Habary wagyz edip, öz nazarymyzy Mesihe gönükdirmeli, biribirimizi söýmeli we günäli dünýämizde Hudaýyň wekilleri bolmaly.
Arwah-jynlaryň häsiýetleri
Mukaddes Kitabyň nukdaýnazaryndan arwah güýçleriniň bardygy Hudaýyň
bardygy ýaly jedelsizdir. Hiç haçan bir zady subut etmeklige synanyşyk
ýok: diňe arwah-jynlaryň döredýän işleri hakynda gürrüň berilýär. Irki
ybadathanalardaky atalar-da hakykatdan hem arwahlaryň bardygyna
ynanypdyrlar. Origen şeýle ýazdy: „Şeýtan, onuň perişdeleri we garşylyk
güýçleri babatda ybadathana taglymaty olaryň bardygyny tassyklaýar,
emma esasy haýsy görnüşdedigi açyk aýdyň däl. Muňa garamazdan köpler
şunuň ýaly pikirde: şeýtan Hudaýdan aýrylan perişde bolup, beýleki ruhy
barlyklaryň kesgitli sanyny öz yzyna eýermeklige yrypdyr. Bular soňkular
häzirki güne çenli onuň perişdeleri diýlip atlandyrylýar“.2
Lukanyň Hoş Habarynda erbet ruhlar barada gyzykly şaýatlyk tapyp bolýar
(Luka 11:24‑26). Isa bir laldan jyny kowýardy. Jyn çykan badyna, lal adam
geplemäge başlady, emma kanunçylar muny: „Ol jynlaryň hany Beýelzebul
arkaly jynlary kowýar“ diýip, Halasgäri ýazgardylar (Luka 11:15). Jedelde Isa
Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.
81
şu sözleri aýtdy: „Al-arwah adamdan çykanda, gurak ýerlere aýlanyp, dynçlyk
gözleýär, ýöne ony tapmanda: «Çykan öýüme öwrüleýin» diýýär. Dolanyp
gelende, öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär. Onsoň gidip, özünden hem
erbet ýedi ruhy ýanyna alýar-da, şol ýere baryp, mesgen tutýar. Şeýlelikde, ol
adamyň soňky ýagdaýy ozalkysyndan hem erbet bolýar“ (24‑26-njy aýatlar).
Bu sözlerde arwah-jynlara degişli birnäçe möhüm faktlar bar:
1. Arwah-jynlar adamyň bedeniniň daşynda hem, içinde hem bolmaga
ukyply. Görnüşi ýaly, arwah-jynlar diri bedende özlerini oňaýly duýýarlar,
onuň daşynda bolmajak bolup hatda doňzuň bedeninde bolmaklygy
oňlaýarlar (Markus 5:12). Bu ruhlar kesgitli şahsyýetleriň üstünden
hukuk alyp bilýärler, soňra ony şeýtanyň maksady üçin ulanýarlar.
2. Arwah-jynlar öz şahsy islegleri boýunça ýerlerini üýtgetmäge
ukyply. Ruhy barlyklar bolup, arwah-jynlar material dünýäde päsgelçilige
duş gelmeýärler. Siziň gidýän ybadathanaňyzyň diwarlary ony erbet
ruhlardan azat bina öwürmäge ukyply däl. Muny diňe doga-dileg we
ruhy ygtyýarlyk üpjün edip biler.
3. Arwah-jynlar öz aralarynda gepleşmäge ukyplydyrlar. Bu Lukanyň
Hoş Habarynyň 11-nji babynda beýan edilýär. Şeýle hem olar munuň
üçin käbir adamy ulanmak bilen gepläp bilýärler. Muňa gadaralylaryň
ýurdundaky jynly adam mysaldyr (Matta 8:28‑34). Bu jyn urmaklygyň
çakdanaşa derejesidir, erbet ruhlaryň mundan pesräk derejesindäki täsiriniň
astyna arwah-jynlaryň aldamagy we özüne çekmegi başaranlarynyň
hemmesi düşýär. (1 Timot. 4:1).
4. Her bir arwah-jynyň aýratyn şahsyýeti bar. Lukanyň Hoş Habarynyň
11-nji babyndaky gürrüň boýunça esasyna üns beriň, jyn öz islegi we
şahsyýetliligi boýunça hereket edýär. Biz näbelli güýç bilen däl-de, pikir
edip bilýän şahsyýet bilen iş salyşýarys. Hut şonuň üçin hem dünýewi
(ylmy) barlag usullary arwah-jynlaryň bardygyny tapmaga ukyply däl.
Diňe Hudaýyň Sözi biziň üçin erbet ruhlar baradaky bilimiň abraýly
çeşmesi bolup durýar.
5. Olaryň ýady bar we hereketlerini meýilleşdirmäge ukyply. Muňa
bolsa arwah-jynyň bedeni taşlap gideninden soň hem, ol hakdaky
ýatlamalary özünde saklaýandygy, soňra ol ýere beýleki arwah-jynlar
82
Gandaly döwýänçi
bilen dolanyp gelmegi meýilleşdirýändigi görkezýär. Maýyl ediji ruhlaryň
bardygy ybadathana taryhynda doly tassyklanandyr.
6. Olar adamlara baha bermäge we karar kabul etmäge ukyply. Bu
erbet ruhuň içinden çykan adamyň nähili ýagdaýdadygyny bilýändigini
tassyklaýar („öýüň süpürilgi, ýerbe-ýerdigini görýär“ – 25‑aýat). Arwahjynlar gowşak ýerimizi tapyp, biziň durmuşymyzda ornaşýarlar. Muňa
garamazdan şeýtan biz hakda oýlanýar diýip, alada etmeli däl, emma
Hudaýyň pisindi oturjak adamlar bolup ýaşamaly (2 Korin. 5:9).
7. Arwah-jynlar birleşip bilýärler. Lukanyň Hoş Habaryndan alnan
çykgytlarynda bir ruhuň gidip, özünden hem erbet ýedi ruhy ýanyna alyp
gelip, ol pida bolanyň soňky ýagdaýyny ozalkysyndan hem erbet edendigi
aýdylýar. Gadaralylaryň ýurdundaky arwahlynyň içindäki arwahlaryň
legiona deň boldy (Mark. 5:9). Men telim gezek hem adamlardan olaryň
aňlarynda eşidilýän sesleriň dürli barlyklara degişlidigini we mejlisi
ýatladýandygyny eşitdim.
8. Arwah-jynlar gahar-gazaplary boýunça tapawutlanýarlar. Çykgyt
alnan ýerde birinji ruha garanda, soňky ýedi ruhuň has erbetdigi aýdylýar.
Isanyň bir arwah-jyn barada aýdan sözi („Bu hili ruhlary dogadan, orazadan
başga hiç bir zat bilen çykaryp bolýan däldir“ Mark. 9:29) erbetligi boýunça
arwah-jynlaryň dürli-dürlüdigini tassyklaýar. Erbetlikleri we ygtyýarlyklary
boýunça ruhlary tapawutlandyrmak pikiri Pawlusyň efeslilere ýazan hatyn­
daky iýerarhiýanyň ylalaşygyna doly gabat gelýär (6:12). Bir arwah-jynlyny
halas etmek beýlekilere garanda has agyrdygyna hut özüm şaýatlyk edýärin.
Emma siz Hudaýyň hakykatynda saklanýarsyňyz, size şeýtandan we
onuň ýaranlaryndan gorkmak gerek däl. Olaryň ýeke-täk ýaragy –
aldawçylyk. Irineý şeýle ýazdy: „Şeýtan… diňe ýalan sözläp, adamyň
aňyna Hudaýyň parzlaryna gulak asmazlyk pikiri salyp biler we ýuwaşýuwaşdan onuň ýüregini zaýalar“.3 Eger siz ýagtylykda gezseňiz,
garaňkylykdan gorkmagyň geregi ýok.
Şeýtanyň dünýäsindäki durmuş
Erbet ruhlar nädip biziň durmuşymyza goşulyp bilýärler? Muňa mysal
edip, ýönekeýje deňeşdirme getirmäge rugsat ediň. Siz uzyn dar köçäniň
Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.
83
başynda dursuňyz diýeliň, onuň gyralarynda bolsa hatara düzülip berk
öýler dur. Köçäniň beýleki ujunda Reb Isa Mesih dur. Siziň mesihi
durmuşyňyz köçäniň boýy bilen gidip, Mesihde ösmekden ybaratdyr. Isa
tarap barýan hereketiňize hiç zat päsgel berip bilmez. Şonuň üçin hem
Mesihe bil baglap, öz pikirli nazaryňyzy Oňa dikýärsiňiz we hereket edip
başlaýarsyňyz.
Emma biziň ýaşaýan dünýämiz şeýtana degişlidir, şoňa görä köçäniň
iki tarapynda ýerleşýän öýlerde göwün maksadyňyza ýetmegiňize ähli
güýji bilen päsgel berjek barlyk ýaşaýar. Siziň hereketiňizi togtatmak
üçin olarda güýç hem, ygtyýarlyk hem ýokdur. Olaryň ýeke-täk umydy
sizi aldaw bilen ýoldan çykarmakdyr.
Olar penjireden kellelerini çykaryp, ellerini bulaýarlar we gygyryp,
özlerine üns berdirjek bolup jan edýärler. „Eý, seret, bizde näme bar!
Içgysgynç işiňden el çek, biz saňa hakykatdan bähbitli zady görkezeris!“
diýip öwünýärler. Bu maýyl bolmak diýlip atlandyrylýar. Maýyl bolmak
aňyňyzda Hudaýa däl-de, özüňize gulluk etmek pikiriniň döremeginden
we oňa ýetmek üçin anyk görkezmelerden ybaratdyr. Maýyl bolmak
barada biz kitabyň 8-nji babynda jikme-jik gürrüň ederis.
Siz Mesihe tarap hereket etdigiňizçe, siziň Hudaý üçin aklyňyzyň we
ýagşylygyňyzyň ýeterlik däldigi we Onuň sizi kabul etmezligi baradaky
pikirler hökman ýüze çykar. Şeýtanyň emissarlary – esasan hem olara sizi
maýyl etmek başartsa günäkärlemegiň ussadydyrlar. Ilkibaşda olar munda
hiç hili erbetligiň ýokdugyny bahanalap, bir zatlary etdirjek bolýarlar, haçanda
siz olaryň aldaw toruna düşeniňizde welin, olar siziň ýüzüňizi alýarlar: „Ine,
görýäňmi, sen nähili aşak ýykyldyň! Mundan soň sen özüňi nädip mesihi
diýip atlandyrjak?“ Töhmet (günäkärleme) – şeýtanyň esasy usullarynyň
biridir, munuň kömegi bilen ol sizi hakykat ýolundan aýyrmaga çalyşýar.
Biz onuň töhmetçilik usulyny 9-njy bapda has çuň gözden geçireris.
Köçäniň beýleki ujuna tarap hereket etmek bilen siz şunuň ýaly sözleri
eşidersiňiz: „Bu gün ybadathana gitmeseňiz hem bolar. Mukaddes
Kitaby her gün okamasaň hem bolar – bu gaty bir wajyp däl. Her gün
dileg etmek hem hökman däl. Mundan başga-da, «Täze asyryň» wekilleri
bir zatda dogrudyrlar“. Bu aldaw şeýtanyň usullaryndan iň inçe hem
howplusydyr. Şunuň ýaly pikirler köplenç birlik ýöňkemede ýaňlanýar:
„Bu gün ybadathana gitjek däl, Mukaddes Kitaby okajak däl“ we ş.m.
Eger siz şeýtanyň pikirlerini özüňiziňki ýaly kabul etseňiz, ol aldawda
üstünlige köp mümkinçiligiň bardygyna düşünýär. Aldamagyň usullaryna
biz 10-njy bapda has giňişleýin seredip geçeris.
84
Gandaly döwýänçi
Öz arwah-jynlaryna sizi azdyrmagy we maýyl etmegi buýurmak
bilen şeýtanyň maksady näme? Olary ýoluň gyrasyndaky penjireden
asylyp, sizi bellenen ýoldan azaşdyrmaklyga näme mejbur edýärkä?
Ol siziň saklanmagyňyzy, oturyp dynç almagyňyzy isleýär, belki-de
siz Isa Mesihe tarap barýan syýahatyňyzdan bütinleý ýüz öwürmegiňiz
mümkin. Ol siziň Hudaýa gulak asmak we gulluk etmek ukybyňyzda
şübhe döretmek isleýär. Hemişe ýatda saklaň: Mesihe tarap ýuwaşlyk
bilen barýan ýoluňyza päsgel berer ýaly onda güýç hem, ygtyýarlyk
hem ýok. Ol hiç haçan sizi täzeden gazanyp bilmez, çünki siz Isa Mesih
tarapyndan satyn alyndyňyz we ebedi Onuň bilen birleşensiňiz (1 Petrus
1:18, 19). Emma şeýtan ynandyryjy pikirleri bilen sizi özüne çekse, onda
maýyl etmeklik bilen töhmeti we aldawy ulanyp, siziň durmuşyňyza
täsir edip biler. Şeýlelik bilen ol size gözegçilik eder. Arwah-jynlaryň
mesihileriň üstünden gözegçilik etmek derejeleri hakynda biz 11-nji
bapda gürrüň ederis.
Ruhy gulçulygyň derejeleri
Ruhy erkin adamlar bilen şeýtan güýçleriniň doly guluna öwrülenleriň
arasynda birnäçe aralyk derejeler bar. Ruhy erkin adamy mysal edip,
resul Pawlusy görkezmek bolar, ol günä we şeýtan bilen göreş alyp
barýandygyna garamazdan, onuň durmuşy gulluk göreldesi bolup durýar
(Riml. 7:15‑25; 2 Korintos. 12:7‑9). Ruhy gulçulykdakylar garaňkylyk
güýçlerine doly bagly bolup, gadaralylaryň ýurdundan çykan jynly
adamlar ýalydyr (Matta 8:28‑34). Hiç kim hem göz açyp ýumasy salymda
şeýtanyň guluna öwrülmeýär. Adam onuň eline ýuwaş-ýuwaşdan düşýär,
uzak wagtyň dowamynda ol maýyl bolmaklyga yrylýar. Meniň syn
edişim boýunça 15 % töweregi Hoş Habar mesihileri ruhy gulçulykdan
doly azat. Bu hasabata durmuşy Mukaddes Ruhuň miwesi bilen amala
aşan mesihiler girýär. Galan 85 % ruhy garaşlylygyň üç derejesiniň
birinde ýerleşýärler.
Mesihi daş görnüşden doly kadaly durmuşda ýalydyr, emma içki
kalbynda hemişe şöwketparaz, göriplik, betnebislik, ýigrenç, parhsyz
ýaly günäli pikirler bilen göreşýär. Şeýle adam gündelik içki mesihi
durmuşynda ýaşamaýar: onuň üçin dileg – hemişe kyn synag,
başgalar bilen gatnaşyk hem agyr zähmet bilen başardýar. Şunuň ýaly
ýagdaýda bolýan mesihileriň köpüsi ruhy gapma-garşylygyň merkezinde
ýerleşýändiklerini bilmeýärler. Olar özleriniň ses eşidýändiklerini boýun
Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.
85
almazlyklary ahmal, emma samsyk pikirleri bilen hemişe göreşýändiklerini
welin tassyklaýarlar.
Şeýtanyň otly oklarynyň olara atylýandygyna düşünmän, olar ähli
günäni öz üstlerine alýarlar. „Eger men şunuň ýaly pikir edip bilýän
bolsam, onda mundan soň men kimkäm?“ – diýip, olar gorkýarlar.
Duşman bilniksizden hüjüm etmegini dowam etdirýär. Meniň pikirimçe,
mesihileriň 65 %-i munda, ruhy gulçulygyň birinji derejesinde
ýerleşýärler.
Ikinji derejede özleriniň şahsy pikirlerinden başga-da düşnüksiz erbet
„sesleri“ aýdyň eşidýän adamlar ýerleşýär. „Maňa näme boldy?“ diýip,
olar aňk-taňk bolýarlar, aňlaryna günäli pikirleriň we fantaziýalaryň
akymy girýän ýaly duýýarlar. Öz aňlaryny nähili tämizlemelidiklerini
bilmänsoň, akylymyzdan azaşýarys öýdýärler. Aňyňy ýitirmek görnüşi
olary gorkuzýar welin, olar bolup geçýän zatlar hakynda hiç kime
aýtmazlygy karar edýärler. Emma şu derejede hem mesihileriň köpüsi
öz ýagdaýlaryna ruhy gapma-garşylyk hökmünde seretmeýärler. Olar
psihologlara ýüz tutýarlar we öz aňlaryny terbiýelemeklige synanyşýarlar,
emma düzgün bolşy ýaly üstünlik gazanyp bilmeýärler. Meniň hasabym
boýunça mesihileriň 15 %-i şu derejä laýyk bolýarlar. Şeýle adamlaryň
köpüsi depressiýadan, rahatsyzlykdan, ruhy hassalykdan ejir çekýärler,
olar aladaly we sabyrsyz bolýarlar. Köpüsi arakhorlugyň, neşäniň we
ş.m. pidasy bolýarlar.
Gulçulygyň üçünji derejesindäki adam özüne gözegçiligi doly ýitirýär.
Ol özüne pikirleri, duýgulary, häsiýetleri buýurýan içki sese boýun egýär.
Bu adamlar göze görünmeýän söhbetdeşler bilen gepleşip, gapyny gulplap
oturýarlar ýa-da köçede gezýärler; olar psihiatrik keselhanalarynda ýatan
adamlaryň sanyna girýärler. Gynansagam, mesihileriň 5 %-ne golaýy
şunuň ýaly derejede erbet ruhlar bile gulçulyga öwrülen.
Eger adam içki sese uzak wagtlap boýun egse, gadaralylaryň ýurdun­
daky adama meňzeş bolup, jynla öwrülmekligine töwekgellik edýär.
Erbet ruhlar uzak wagtyň dowamynda öz islegi boýunça hereket etmegi
üçin, arwahlynyň üstünden şeýle ygtyýarlygy alýarlar.
Şeýtan bilen ylalaşmaň
Hudaýyň öňünde gündelik ýörişiňizde päsgel bermek üçin niýetlenen
arwah-jynlaryň duzagyna we hilelerine garşy durmagyň üç usuly bar
bolup, olaryň ikisi bähbitsizdir.
86
Gandaly döwýänçi
Şeýtan pikirine gulak asýan, mundan başga-da, olara ynanýan adam
ruhy erkinlige az eýe bolar. Aýdalyň, size şunuň ýaly pikir ornaşypdyr:
„Sen dileg etmeýärsiň, Injil okamaýarsyň, bolmalysy ýaly şaýatlyk
etmeýärsiň. Sen näme Hudaý özüňi söýýändir öýdüp pikir edýärsiňmi?“
Munuň haýasyz aldawdygy aýdyňdyr. Hudaýyň söýgüsi şert goýmaýar.
Muňa garamazdan siz bu hakda pikir edip başlaýarsyňyz we kem-kemden
Hudaýyň özüňizi gaty bir güýçli söýmeýändigi bilen ylalaşýarsyňyz.
Birnäçe wagtdan soň siz ruhy ýoluňyzy ýitirýärsiňiz we azaşmaklyga
başlaýarsyňyz.
Bu mesihiler ýeňlendirler, sebäbi olar Hudaýyň özlerini söýmeýändigine
olaryň hiç haçan şeýtanyň penjesinden sypyp bilmejekdiklerine, öňki
şahsyýetiniň pidasy bolmaklyga sezewar bolmalydyklaryna ynandylar.
Olara täze durmuşa başlamaga hiç zat päsgel bermeýär, emma olar öz
güýçlerine ynanmasalar, muny nädip etsinler?
Garşy durmagyň ikinji usuly arwah-jynlar bilen jedelleşmekden
ybaratdyr. Ol miwe getirmeýär. „Men samsyk däl we umytsyz däl. Men
ýeňýärin“ diýip, siz düşünmän gedemlik bilen aýdýarsyňyz, hakykatda
bolsa erbet ruhlaryň teklip eden düzgüni boýunça oýnaýarsyňyz. Hereketi
dowam etmegiň deregine, siz peýdasyz jedellere wagtyňyzy ýitirýärsiňiz.
Erbet ruhlara ynanmak hem, olar bilen gepleşik geçirmek hem
gerek däl. Olary diňe ret etmeli. Siz Hudaýyň ýaragy bilen ýaraglanan,
şonuň üçin hem siziň özüňiz muňa ýol bermeseňiz, olar size hiç zat
edip bilmeýärler. Onuň maýyl ediji otly oklaryny, ýazgarmalaryny we
aldawçylygyny diňe iman galkanyny galdyryp yza serpikdiriň (Kol. 2:6).
Çozuşy ýok edip, hereketiňizi arkaýyn dowam etdiriň. Ähli pikirleri
Mesihe boýun bolmaklyga maýyl ediň. Aldawçylygyň öňünde hakykaty
saklaň. Şeýle hereket etseňiz, siz her ädimiňizde erkin we has kämil
bolarsyňyz.
7
Ylmyň we güýjüň özüne
çekijiligi
Men öňki bölümlerde, özüniň mesihilige çagyrylyşy bilen, Ewelin atly öz
oňat görüşýän gyzyny haýran eden, öňki ruhany-şeýtançy Garri barada
ýatlap geçipdim. Indi ol baradaky bütin wakany aýdyp bermegiň we
onuň mysalynda biziň umumy gowşak ýerlerimizi açyp görkezmekligiň
wagty geldi.
Eweliniň Mesihe ynanmaýandygyna seretmezden, Garri bilen onuň
duşuşygy uly üýtgeşmelere getirdi. Ol öz 45 ýaşynyň dowamynda
durmuşda heniz özüniň bilmeýän käbir zatlaryň bardygyna göz ýetirdi.
Şeýle seredeniňde ol hiç bir zatda tapawutlanmaýan, adaty, Günorta
Kaliforniýaly, öz boş wagtlaryny psihologiýa gyzyklanmak bilen geçirýän
söwdagärdi. Ol bir wagtlar psihologiki barlaglaryň ýerli guramasynyň
başlygy hem bolupdy. Hakykatda welin, Garri psihologiýany özüniň
şeýtançylyk bilen gyzyklanmasynyň öňüni ýapmak üçin ulanýardy.
Garriniň ejesi hem şeýtançy-gullukçy ruhanydy we öz ogluny hem
şeýtana gulluk etmegi üçin terbiýeläpdi. Garri arwahlyk iýerarhiýada
köp adamlaryň ýakyndan göz öňüne getirip bilmejek, derejesine ýetipdi.
Meniň ýanyma ilkinji gezek gelmezinden ýarym ýyl öň Garri şeýtançylyk
guramasyndan özbaşdak çykmaklyga synanyşdy, emma gara güýçleriň
ony boşadasy gelmedi. Garride aň garjaşma tutgaýy başlandy. Öň mesihi
bolan, Garrä ýakyn durýan hojaýyn aýal, şeýle tutgaýlaryň birinde tiz
kömegi çagyrmaly boldy. Iblisiň täsiri şeýle bir güýçlüdi welin, Garrini
köşeşdirmek üçin ýedi sany sanitar çagyrmaly boldy.
Iblisiň täsiriniň diňe daşky fiziki güýçler däl-de, aňa, merkezi nerw
sistemasyna täsir ediji güýçdügini belläp geçmek zerurdyr. Al-arwah uran
adamyň fiziki güýji edil ekstremal ýagdaýa duçar bolup, ganyna adrenalin
uran adamyň güýji ýalydyr. Şeýle güýç, eger çagasyny maşyn basan
wagtynda enä maşyny eli bilen itekläp aýyrmaga mümkinçilik berýär.
88
Gandaly döwýänçi
Hekimler barlagdan soň, Garride hiç hili adatdan çykmalaryň
ýoklugyny anykladylar we ony goýberdiler. Garrini şeýtançylykdan
boşatmaklyk üçin eden birnäçe şowsuz synanyşyklaryndan soň, Ewilin
kömek sorap maňa ýüz tutdy.
Garri meniň iş ýerime öz erki bilen gelen hem bolsa, ol özüni diýseň
oňaýsyz duýýardy; gara güýç bilen boljak erbet çaknyşygy syzýardy.
– Haýsy güýç bilen söweşjekdigiňizi siz göz öňüne hem getirip
bilmeýärsiňiz – diýip, ol duýdurdy.
– Men iblisiň güýjüni ýeterlik göz öňüne getirýärin diýip pikir edýärin
– diýip, men arkaýyn jogap berdim, – emma siz Hudaýyň güýjüne
ýeterlik düşünmeýän bolarly. Siz garaňkylyk güýçlerden saýlanmak
isleýändigiňizi aýtdyňyz, emma muny özbaşdak başarmarsyňyz. Size
azat bolmaklyk üçin Mesihi öz Rebbiňiz hökmünde tanamagyňyz gerek.
Diňe Ol sizi azat edip biler. Siz şeýle karara gelmäge taýýarmy?
Garri biraz sandyramaga başlady, men duşmanyň ýeňil boýun bolmajak­
dygyna göz ýetirdim. Men doga okamak bilen goldaw tapmagy oýlandym
we Garrini iş otagymda galdyryp, birini gözlemek üçin çykdym. Maňa
biziň ybadathanamyzda kethudalyk edýän Ueýni tapmaklyk başartdy. Ol
men entek Garri bilen meşgul wagtymda meniň iş otagymda doga okap
oturmaklyga razylaşdy. Ueýn ol wagty özüniň nämeleri görjekdigini göz
öňüne getirip hem bilmeýärdi!
Men Garriniň garşysynda oturdym we soradym: „Siz Mesihi kabul
etmeklige taýýarmy, Garri?“
Ol oturgyjy dyrmalap otyrdy. Haçanda ol jogap bermeklige
synanyşanda „oýun“ başlandy. Ol birden aýylganç gygyrdy, oturgyçdan
böküp turdy we edil özüni görünmeýän güýç şol tarapa zyňýan ýaly
otagyň ol künjüne atylyp düşdi. Ol uwlady we edil ýeldirgän adamy
ýatladyp, iş otagymda urunmaga başlady. Ony eýeleýän gara güýçler
şeýle uly gohly netijäni bermek üçin onuň aňyny, erkini, fiziki güýjüni
we duýgularyny ulanýardy.
Ueýn diwara dykylmak bilen şeýle bir doga okaýardy, bu öň hiç
wagt beýle bolmandy. Men oturgyjymda arkaýyn oturmagymy dowam
edýärdim, sebäbi güýjüňi görkezmekligiň – şeýtanyň ýene bir aldawly
ýoludygyny men bir eýýäm bilýärdim. Ol eger bizi gorkuzmagy başarsa,
biziň durmuşymyzda ynamyň däl-de gorkynyň ýolbaşçylyk etjekdigini
bilýärdi. Şeýtan „arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp
ýörendir“ (1 Petrus 5:8). Ýolbars nämä arlaýar? Öz pidasyny gorky bilen
ysgynsyzlandyrmak, soňra bolsa hiç hili päsgelçiliksiz ony öldürmek üçin.
Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi
89
Emma biziň Mesihde eýeleýän ynamymyz we goragymyz arkaly
iblis bize golaýlaşyp bilmeýär. Gorky – bu uly ýarag, biz diňe ondan
(gorkudan) gorkmalydyrys. Iblise özüňize goranyşa geçirmeklige ýol
bermäň. „Oňa garşy imanda berk duruň“ (1 Pet. 5:9). Iblis ýykylan. Şuňa
ynanyň we ony basgylaň. Oňa irde-giçde yza çekilmekden başga ýol ýok.
Garriniň „üsti bilen“ şeýtan maňa arlaýarka, men arkaýyn Mukaddes
Ýazgyny okamagy dowam etdim we duşmanyň sem bolmagyny
diledim. Düzgün bolşy ýaly, men şeýle ýagdaýlarda biziň Mesihdäki
hökümdarlygymyzyň suratlandyrylýan ýeri bolan Efeslilere Ýüzlenmäniň
birinji bölümini okaýaryn. Haçanda men birnäçe minutlap Mukaddes
Kitap we doga okamaklyk arkaly iblisden üstün çykanymdan soň, Garri
pola ýüzin ýazyldy we: „Reb Isa, men Sensiz ýaşap biljek däl!“ – diýip
gygyrdy. Şondan soň ol meniň yzym bilen Mesihi kabul etmek dogasyny
gaýtalady. Haçanda Garri ýerinden galanda ol azatdy. Ol mundan öň
hiç wagt başyndan geçirmedik şatlygy bilen meni we Ueýni gujaklady.
Iblisiň hökümdarlygyndan azat bolan hem bolsa Garrä muny duýmak
agyrdy. Ol özüni Mesihi kabul eden arakhorlar ýaly alyp barýardy. Ynamy
kabul eden arakhor ruhy taýdan tämizlenen hem bolsa, eger Hudaý
onuň durmuşynda ýene bir täsinligi amala aşyrmasa, ol öz bedeninde
agyrlygy duýýar. Içgili gezýän ýyllaryndaky endikler entek saklanýar,
zaýa bolan bagry bolsa çalşyp bolmaýardy. Garri öz durmuşynda uzak
ýyllaryň dowamynda iblis dessurlaryna gatnaşypdy we olar onda öz
yzyny goýupdy. Mesihi kabul edenden soň hem ol öz geçmişindäki fiziki,
ahlak we ruhy yzlar bilen göreşmeli bolýardy.
Şeýtançylar birnäçe gezek Garrini öldürmeklige synanyşdylar we
ony gije-gündizläp ruhy täsire duçar etdiler. Soňra olar oňa ylalaşyga
gelmekligi teklip etdiler. Ol biziň ybadathanamyzdaky aýdan zatlary
barada hiç ýerde indi şaýatlyk etmeli däl we olar şonda ony öz ugruna
goýmakçydylar. Garri razylaşypdyr, haýsydyr bir gepleşik kagyzyna gol
çekipdir we şondan soň men ony görmedim.
D ünýä ýaly köne duzak
Nahililik bilen Garri we oňa meňzeşler iblis toruna düşýärler? Has
möhümi: öz gaçjak çukurymyzy nähili tanamaly?
Okkultizmiň özüne çekijiligi hemişe diýen ýaly bilim we hökümdarlyk
bermekligi söz bermekde jemlenýär. Biz adaty adamlara mahsus bolmadyk
90
Gandaly döwýänçi
ezoteriki bilimlere ymtylýarys. Biz ruhy we adaty bolmadyk güýçleri
isleýäris. Haýsydyr bir derejede bu islegler bize Hudaý tarapyndan
berlen, emma şeýle bolanynda olar Hudaýdan gaýdýan güýje we bilime
ugrukdyrylan bolmaly. Emma barybir arwah bize olary Hudaýyň güýji we
bilimi diýip görkezmek bilen olary bize dakmaga çalyşýar. Eger bu oňa
başartsa, onda ol kem-kemden biziň durmuşymyza aralaşmaga başlaýar.
Arwahyň biliminiň we güýjüniň özüne çekijiligi täzelik däl. Hudaý
bu barada öz halkyna gadymlardan duýdurypdyr. Äht edilen ýere
gelmezinden öň Musa ysraýyllylara şeýle wagyz edipdir:
„Hudaýyňyz Rebbiň özüňize berjek ýurduna baranyňyzda,
ol halklaryň nejis adatlaryny berjaý etmegi öwrenmäň. Siziň
araňyzda hiç kim ogluny ýa-da gyzyny oda ýakyp, gurbanlyk
bermesin. Palçylyk etmäň, müneçjim ýa-da bilgiç bolmaň,
jadygöýlik etmäň. Şeýle hem, hiç biriňiz gözbagçylyk edip,
arwah-jynlar ýa-da ruhlar bilen maslahatlaşmaň, ýa-da çözgüdiň
jogabyny ölülerden gözlemäň. Çünki bu işleri edýänler Reb üçin
nejisdir. Ine, şu nejis işleri üçin Hudaýyňyz Reb olary siziň
öňüňizden kowup çykarýar. Hudaýyňyz Rebbe hakyky wepaly
boluň“ (Kanun taglymaty 18:9‑13).
Bu wagyz öz güýjüni şu günki güne çenli saklap gelýär. Häzirki dünýä
dürli dinli bolan döwürdäki Kengany ýatladýar, sebäbi onda her kim
ezoteriki güýji we ylmy almak üçin jadygöýe, palça, bilgije ýüz tutup
bilýär. Munuň biziň jemgyýetimiz üçin näçeräk möhümdigini men
doktorlyk dissertasiýamy goramaga taýýarlanýarkam göz ýetirdim.
Aýratyn hem geljegi aýdyp bilmekligi öwrendim. Meniň toparymyň
agzalarynyň biri, Los-Anjelesdäki mekdebiň müdiri, biziň geljegimizi
nähili göz öňüne getirýändigi barada nutuk okady. Ol adamzat aňynyň
öňünde boljak açyşlary dabaraly suratlandyrdy: Asman giňişligine
çykmak, telepatiýanyň üsti bilen habarlaşmak, lewitasiýa we ş.m. Bu
„Täze Asyr“ hereketiniň we okkult hereketiniň ähli öňe sürýän zatlary.
Bellemeli zat: toparyň ähli beýleki agzalary hem pedagogikada doktorlyk
derejesine kandidatlar – bary çykyş edýäni uly üns bilen diňlediler.
Çykyşdan soň şowhun bilen öz pikirlerini alyşdylar. Şonda men elimi
galdyryp çykyş edýänden soradym:
– Aýtsaňyzlaň, haçanda şu soraga taýýarlanýan wagtyňyzda siz şu
zatlar bilen gyzyklanmagyň adama peýdasy barada oýlandyňyzmy?
Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi
91
– Munuň oňatlygy ýa-da däldigi meni düýpden gyzyklandyrmaýar –
diýip, ol jogap berdi. – Esasy zat, munuň netijeliligi.
– Men muňa şübhelenmeýärin, – diýip aýtdym. – Ruhy fenomenler
we okkult praktikasy edil dünýä ýaly gadymy taryha eýedir. Bize onuň
täsir edýändigi ýa-da däldigi barada däl-de, ony ulanmagyň oňatlygy ýada erbetligi barada oýlanmak zerur.
Meniň sözlerim uly gýzyklanma döretdi we sapakdan soň olar
okkultizmiň zyýany barada giňişleýin soradylar.
Maňa-da biziň durmuşymyzda kanuny bolmasa-da, haýwanlary
gurban bermegiň, jadylamaklygyň giňden ýaýrandygy mälim. Bularyň
bary Musanyň üsti bilen Hudaý tarapyndan gadagan edilen. Amerikanyň
polisiýa departamenti ata-eneleriň dykgatyna ýetirmeklige çalyşýar:
„Oýlanyşyň, siziň çagalaryňyz diňe bir zyna etmek we neşe çekmek
bilen däl-de, şeýtançylyk bilen gyzyklanýarlar! Muňa biziň duş gelýän
köp sanly, zeper ýetirilen haýwan maslyklary şaýatlyk edýär“.
Bir gezek biziň uniwersitetimiziň jaýynda Günorta Kaliforniýanyň
talyplar şäherçeleriniň howpsuzlyk gullugynyň ýolbaşçylarynyň ýygnagy
boldy. Menden olaryň öňünde häzirki zaman Amerikasynyň medeniýetiniň
ruhy fenomeni barada gürriň bermegi haýyş etdiler. „Olaryň arasynda
mesihiler az – diýip, biziň talyplar şäherçämiziň goragynyň müdiri
aýtdy – emma duşuşygyň bizde geçyänligi sebäpli seniň çykyş etmegiňi
isleýäris“. Men ylalaşdym.
Ýygnananlar uly yaşdaky adamlar bolup,olaryň köpüsi dynç alyşdaky
harbylar we poliseýlerdi. Haçanda men okkultizmiň biziň durmuşymyza
ýaýrandygy barada söz açanymda, olaryň hiç biri ýaňsyly gülmedi
ýa-da meniň sözümi ýalana çykarjak zady aýtmady. Olaryň her biri
talyplar şäherçesinden özüne berkidilen ýerinde iň bolmanda bir gezek
şeýtançylaryň haýykdyryjy hereketleriň netijesine duçar bolupdyrlar.
Häzirki wagtda, amerikan jemgyýetinde Musanyň sanap geçen gadagan
edilmeleriniň her birine duş gelmek bolýar, – „ýönekeýje“ täleýnamalary
düzmeklikden tä haýwanlary we adamlary gurban bermeklige çenli. Olaryň
hersi öz başyny şeýtan tarapyndan ýaýradylýan ýalandan alyp gaýdýar.
G araňkylyk patyşalygynda alnan bilimler
„Goşmaça“ ezoteriki bilimlere teşnelik bu günki gün amerikan
jemgyýetini eýeledi. Men muňa Kaliforniýa ştatynda Pasadena şäherinde
92
Gandaly döwýänçi
geçen açyk iki konferensiýalarda aýdyň göz ýetirdim. Konferensiýanyň
biri häzirki döwürde Hoş Habar hereketine bagyşlanypdy, beýlekisi
„Täze Asyr“ hereketi tarapyndan geçirildi. Birinjisine 600, ikinjisine
bolsa 40 000 adam gatnaşdy! Täze jemgyýetiň hakyky sypaty şeýle.
Adamlar Hudaýy diňlemek islemeýärler, olara öňden görüjiniň, ölüleriň
ruhuny çagyrýançynyň, bilgijiň ýa-da palçynyň aýdanlary gyzykly.
Mukaddes Ýazgy, ol kimden bolanynda hem Hudaýdan başgadan alnan
islendik geljek baradaky bilimi ýazgarýar: „Jadygöýlere we palçylara ýüz
tutmaň. Olardan maslahat sorap, özüňizi murdar etmäň… Eger kimdekim biwepalyk edip, jadygöýleriň we palçylaryň yzyna eýerse, Men
ondan ýüz öwrerin we ony öz halkymdan çetleşdirerin… Jadygöý, palçy
bolan erkegu-aýal daşlanyp öldürilsin. Olaryň gany öz boýunlarynadyr“
(Lewil. 19:31, 20:6, 27).
Biz erbetligiň ruhundan maslahat gözlemekden gaýtmaýanlar
babatda açyk geçirimlilik edýäris. Porhanlar teleýaýlymda we radioda
çykyş edýärler we olar uly tanymallyga eýe. Men ýaňy-ýakynda LosAnjelesdäki aýallaryň hünärmenlere garanyňda ekstrasenslere has köp
ýüzlenýändiklerini okadym. Islendik amerikan şäherinde size ruhy
galkyndyrmalary berip biljek ekstrasensoriki merkezler bar. Halypa ýaha kezzap, ýa-da bihuşlygyň üsti bilen ruhlaryň dünýäsine girip, ol ýerden
görkezme alýan adam. Hiç kim olary jemgyýete zyýan getirýän adam
hasap etmeýär, tersine olary edil hekim ýa-da ruhany ýaly sylaýarlar.
Gözbagçylar we hakyky ekstrasensler
Ekstrasensler „öz aňk“ ediji bilimlerini nireden alýarlar? Olaryň köpüsi
hakykatda hem iblis ruhlary bilen kontakta girip bilýärler, emma häzirki
wagtda ekstrasensorikanyň tutusynyň aňyrsynda bolup geçýän zatlar
çeýe aldaw. Siz şeýle atlandyrylýan „jadygöýüň“ ýa-da „gözbagçynyň“
ýanyna maslahat sorap geleniňizde, size birnäçe ýönekeý başlangyç
soraglar berilýär. Siziň jogaplaryňyzyň netijesinde olar size umumy
maslahatlary bererler, sebäbi olar siziň ýagdaýyňyzdaky köp sanly
adamlara dogry gelýär. Siz bolsa garşyňyzda oturan gözbagçynyň bu
bolşuna haýran galyp, öz ýagdaýyňyz barada giňişleýin gürrüň bermäge
başlap, onuň mundan aňyrky „maslahaty“ üçin iýmit berýärsiňiz. Bu
ýerde hiç hili jady ýok, bu ýöne bir gözbagçylyk.
Emma Lewiler we Kanun Taglymaty kitaplarynda aýdylyp geçilýän
„ölüleri çagyrýanlar we jadygöýleriň“ ekstrasensorikanyň çeýeleri bilen
Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi
93
hiç bir baglanşygy ýokdur. Olaryň habar berýän bilimleri adaty däl ýol
bilen alynýar. Oňa eýe bolmak üçin olar garaňkylyk dünýäsine girýärler.
Olaryň alýan maglumatlary şeýtandan gaýdýar. Gözbagçylary diňe siziň
gapjygyňyz gyzyklandyrýar, porhan size öz erki bilen ýa-da bilmezden
sizi ruhy azatlykdan mahrum etjek iblis ylymlaryny aýdýar.
Bir gezek men ekstrasensiň pidasy bolan adama maslahat bermeli
boldum. Maňa 45–50 ýaşlaryndaky Rori atly gujurly adam ýüz tutdy.
Şundan sähel wagt öň ol aýaly bilen aýrylyşypdy we onuň maňa gürrüň
beren wakasy has tanyş göründi. Bar zadyň başy onuň täze tanşan
gyzy Bernis ikisiniň Kaliforniýanyň uly söwda merkezine barmagy bilen
başlanypdy. Ol ýerde olaryň ekstrasens aýalyň kabul edýän çaklaňja
edarasyna gözi düşdi. Gapydaky mahabatda şeýle diýilýärdi: „Giriň we
mundan beýläk nahili ýaşamalydygyny biliň!“
Rori we Bernis girdiler. Aýalyň olara aýdan ezoteriki habarlary olary
aňk etdi. Onuň hakyky ekstrasens ýa-da oňat aktrisadygyny aýdyp biljek
däl, emma onuň ýetiren täsiri uly boldy. „Eger siz şeýle uly güýje eýe
bolsaňyz, onda meniň üçin ýene nämeleri edip bilersiňiz?“ – diýip, Rori
gyzyklandy. Ekstrasens aýala ony özüniň kömegi bilen işde we durmuşda
uly üstünliklere eýe boljakdygyna ynandyrmak başartdy.
Rori ol aýala ynandy we olar onuň ýanyna yzygider gatnamaga
başladylar. Ekstrasens ilki bilen olara öýlenmeklerini maslahat berdi we
olar ony ýerine ýetirdiler. Şondan soň olar onuň görkezmelerine eýerdiler.
Dört ýyldan soň Rori meniň iş ýerime geldi. Onuň Bernis bilen guran
nikasy bozulypdyr we ol işden çykypdyr. Men ondan ekstrasensiň
maslahatlary üçin näçe çykdajy edendigini soranymda, ol: „Ol aýal
menden 15 000 dollar, Bernisden bolsa – 65 000-den hem gowrak“ –
diýip jogap berdi.
Ekstrasensorika – (hakyky bolanynda hem, ýalan bolanynda hem)
bu uly girdeji we köpler ondan uly pul gazanýarlar. Sebäbi adamlar öz
geljekleri barada bir azajyk hem bolsa-da bilmek üçin tölemäge razy.
Erbetlik dünýäsi bilen iş salyşmaklygyň soňy
„Ölüleri çagyrmak“ we „jadygöý“ ýaly mesihi terminleri barada köp belli
däl. Ýewreý dilinde birinji söz aýallara degişli bolan sözler toplumyna,
ikinji bolsa erkeklere degişli bolan sözler toplumyna degişli. Jadygöý
(Ýewr. „ýidd oni“) „bilmek“ işliginden gelip çykýar. Köp sanly öwrenijiler
bu sözleriň ikisi hem şol bir zady aňladýar diýip hasap edýärler.
94
Gandaly döwýänçi
Köp sanly patyşalaryň, ýalan pygamberleriň we ölüleri çagyrýanlaryň
ysraýyl halkyny nahililik bilen Hudaýdan daşlaşdyrýandygy barada
Köne Ähtde köp sanly mysallar getirilýär. Şol mysallaryň iň bellisi, iň
ilkinji ysraýyl patyşasy Şawul baradaky mysaldyr. Öz durmuş ýolunyň
başynda Şawul Hudaýyň ýolbaşçylygyny gözledi, şol sebäpli hem
Şamuwel tarapyndan patyşalyga mesh edildi (1 Şamuwel 9). Şawul
Hudaýa sygynmagyny bes etmezden öň ähli zatlar oňat barýardy
(1 Şamuwel 15). Has dogrusy, Hudaýyň jadygöýlüge deňeýän günäni
etmänkä oňatdy (23‑aýat). Näme üçin Şawul Hudaýa boýun egmedi?
Sebäbi halkyň pikirini Hudaýyň erkinden ýokarda goýdy. (bu häzirki
döwürde hem öňde durýan mesele). Hudaýa sygynmazlyk häzirki
döwrüň uly belasy.
Şawulyň öz günäsine düşünip, toba gelmegine seretmezden, (iň bärkisi
onuň tutulmagyna) toba gelmegiň hakyky miwelerini ol berip bilmedi.
Köp sanly günä edenleriň edişi ýaly, ol öz ýalňyşyny düzetmeklige çalyşdy,
emma oňa eýýäm giç bolupdy: „Rebbiň ruhy Şawuldan aýryldy. Reb
tarapyndan iberilen ýaman ruh ony gorkuzýardy“ (1 Şamuwel 16:14).
Bu jümläni iki sebäp boýunça düşündirmek kyn. Birinjiden, mundan
adamyň boýun bolmazlykdan Mukaddes Ruhdan mahrum bolup biljekdigi
gelip çykýar. Bu ýerde Köne Ähtde Ruhuň saýlanyp we wagtlaýyn
berlendigini göz öňünde tutmak gerek. Görnüşi ýaly, Şawulyň eýeleýän
Ruhy edil Dawut patyşanyňky ýaly bolmaly: bu patyşalyk etmeklige
aýratyn mesh edilmeklik (13‑aýat). Bu mesh edilmeklik şu günki gün
biziň Mukaddes Ruh bilen gatnaşyklarymyza düýbünden meňzeş däl.
Isanyň haçda ýerine ýetirenlerinden soň, ybadathana Mukaddes
Ruhuň hemişelik bolýan ýeri hasap edilýär we Ol Hudaýyň çagalaryny
olaryň Gökdäki Atalary bilen baglanyşdyrýar (Efes. 1:13,14). Isa bize
hiç kimiň bizi Onuň elinden kakyp alyp bilmejekdigini söz berdi (Ýahýa
10:28). Pawlus bolsa hiç zadyň, hatda boýun bolmazlygyň hem bizi
Hudaýyň söýgüsinden aýryp bilmejekdigini mälim edýär (Rim. 8:35‑39).
Biz Mesih bilen ymykly birleşen we Mukaddes Ruh biziň ynamymyzyň
we Isanyň haçda ýerine ýetirenleriniň güýji bilen bizde ýaşaýar.
Ikinjiden, jümleden erbet ruh Rebden gelip çykýar diýip düşünmek
bolýar. Muňa düşünmeklik üçin Hudaýyň älem-jahanyň ýokary
hökümdarydygyna aň ýetirmek gerek we Ol arwahyň çaparlaryny
ýolundan azaşan çagalary ýola getirmeklik üçin ulanyp biler. Ol Şawul
bilen hem edil şeýle etdi. Ol Öz şu matlabyna ýolbaşçylyk etmek bilen
assiriýalylar ýaly hudaýsyz halky ysraýyllary jezalandyrmakda „öz
Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi
95
gaharyňyň gürzüsi“ hökmünde ulandy (Işaýa 10:5;6). Öz niýetlerini
amal etmek üçin Hudaý arwahlary ulanyp bilýär.
Azan adamy iblise tabşyrmaklyga ybadathana rugsat berilýar,
„teni heläk bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy
şeýtana tabşyryň“ (1 Kor. 5:5). Bu dünýäniň ýolbaşçylarynyň we
hökümdarlarynyň eline düşmek bilen günäli tizden toba gelýär. „Seniň
iblisiň eline düşesiň gelýärmi?“ – diýip, biz ýolundan azaşandan
soraýarys. Onsoň: „Baş üstüne. Belki, seniň azgynlygyň getirjek agyr
netijesi saňa Hudaýa dolanyp gelmeklige kömek berer“. Gyzykly ýeri,
haçanda erbet ruh Şawuly gynaýan wagtynda, Dawut (ysraýyl tagtynyň
geljekki eýesi) surnaý çalýardy we ruh yza çekilýärdi (1 Şamuwel
16:23). Adamyň ruhy durmuşyna sazyň täsiri barada biz nähili seýrek
ýatlaýarys! Haçanda Elýaşa Hudaýdan haýyş etmekçi bolanynda, ol
sazanda getirmegi buýurdy. „Sazanda saz çalyp otyrka, Elýaşanyň
kalbyna Rebbiň güýji geldi“ (2 Patyşalyklar 3:15). Dawudyň şalyk edýän
döwründe ybadathanada 4000-den gowrak aýdymçylar we sazandalar
aýdym-saz edýärdiler. (1 Ýyl Ýazgylary 9:33; 23:5). „Şerapdan serhoş
bolmaň, onda edepsizlik bardyr, Ruhdan doly boluň. Biri-biriňize
mezmurlar, öwgüli aýdymlar, ruhy nagmalar aýdyň, tüýs ýürekden
Rebbe sazlar çalyp, nagmalar düzüň. Hemişe ähli zat üçin Rebbimiz Isa
Mesihiň ady bilen Ata Hudaýa şükür ediň“ (Efesl. 5:18‑20).
Hakykatyň beýleki bir tarapynda häzirki dünýewi sazyň ýumrujy
ägirtligi ýatyr; Garri iblisiň öňki ruhanysy, maňa şeýtançylyk bilen
gatnaşygy aňladýan köp sanly şeýtan nyşanly suratly rok-albomlary
görkezdi. Garriniň sözi boýunça „agyr rok“ we „pank“ stilinde çalýan
sazandalaryň 85% – özlerini baýlyga we tanymallyga çalşyp iblise
satdylar. Olaryň az sanysy iblisligi din hökmünde iş ýüzünde tanaýarlar,
emma olaryň köpüsi özleri ýalňyşýarlar we öz diňleýjilerini hem öz
hudaýsyz aýdymlary bilen ýalňyşdyrýarlar.
Pygamber Şamuweliň ölüminden soň okkult bilimine bolan teşnelik
Şawuly Endora şäherindäki bir jadygöý aýalyň ýanyna getirdi. „Ýurtdan
jadygöýleri we palçylary kowmagy“ buýran patyşanyň özi haýsydyr
bir ýol bilen Ysraýylda galmagy başaran porhan aýalyň ýanyna geldi.
Eşiklerini üýtgedip gelen patyşa ol aýaldan Şamuweli çagyrmagy talap
etdi (1 Şamuwel 28:8‑19). Hudaý Şamuweli goýbermek bilen tanyş
ruha garaşýan aýaly haýran etdi. Şamuweliň getiren täzeligi köşeşdiriji
däldi: ol piliştleriň Ysraýyly ýeňmegini we Şawulyň we onuň ogullarynyň
ölümini habar berýärdi (19‑aýat).
96
Gandaly döwýänçi
Hudaý ölüleri çagyrmagy gadagan edýär (Işaýa 8:19, 20). Baý we Lazar
baradaky gürrüň ölüler bilen sözleşmegiň mümkin däldigini görkezýär
(Luka 16:19‑31). Haçanda ekstrasens ölüler bilen sözleşýändigini aýdanyn­
da, siz oňa ynanmaň. Eger psiholog jadynyň kömegi bilen müşderiniň öňki
durmuşyna aralaşdym diýse, oňa ynanmaň. Haçanda „Täze Asyryň“ wekili
adamy geçmişden häzirki zamana geçirip bolýandygyny habar berse, bu
hakykatda erbet ruh ýa-da ýönekeý aldawçylykdyr.
Täze görnüşdäki köne pikir
„Täze Asyr“ hereketi okkult pikirini adamçylygyň we ylmyň eşigine
geýindirýär: „Size Hudaý gerek däl, sebäbi siziň özüňiz hudaýlar. Size
günäleriňize ökünmek gerek däl, size halas bolmaklyga bil baglamaklyk
gerek däl. Iş günäde däl-de, diňe aňyňy öçürmeli we beýik älem birligine
birikmeli“. Hakykatda bu örän köne ýalan, onuň kömegi bilen iblise ata
– babalarymyzy özüne çekmek başartdy: „… we siz hem edil hudaýlar
ýaly bolarsyňyz“ (Gelip çykyş. 3:5).
Ylmy we güýji edinmek islegi adamlary okkultizmden kömek
gözlemeklige, has dogrusy, ruhlary çagyryjylara, jadygöýlere, palçylara
we täleýçilere, bilgiçlere we astrologlara iterýär. „Siz Piliştiň Ekron
galasynyň hudaýy Bagalzebupdan patyşaňyz barada soramaga gider ýaly
Ysraýylda Hudaý ýokmy näme?“ diýip, perişde Ylýas pygamberden sorady
(2 Patyşalyklar 1:3). Ähli ýerde adamlar özlerini hakyky ýola iterýän
Hudaýdan ýüz öwürýärler; muňa derek olar garaňkylyk patyşalygyn­
dan ýagtyny we dünýäni gözleýärler. Biziň Ýehuwa ýüzlenmeklige ähli
esaslarymyz bar: „Ýehu: «Ejeň Izebeliň edýän köp zynagärligi, jadygöýlügi
bilen eýgilik nireden bolsun?» diýip jogap berdi“ (2 Patyşalyklar 9:22).
Parahatlygy garaňkylyk hökümdarlygyndan däl-de, Dünýä Hökümdar­
lygyndan tapyp bolar.
Goý, iblisiň ylmy we güýji sizi özüne çekmesin. Häzirki wagtda
köpler okkultizme ymtylmak bilen Hudaýdan daşlaşýarlar. Resullaryň
Işleri Kitabyndaky Simuna meňzeş adamlar (Resull. Işl. 8:9, 10) „Täze
Asyryň“ jadylaryna haýran bolarlar, şeýle hem Resullaryň Işleri Kitapda
ruh arkaly öz hojaýynlaryna az girdeji getirmedik gul aýal barada hem
gürrüň edilýär (16:16‑18). Ol baradaky gürrüň okkult okuwlary üçin
gazanç etmeklige teşnelige şaýatlyk edýär. Irki ybadathananyň taryhy
garaňkylyk patyşalygyndan ylym almakdan çekinmeýän adamlaryň
Hudaýyň berjaý etmekçi bolýan işlerine päsgel berýändigini görkezýär.
Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi
97
Olara ýalan güýçleri görkezmek bilen köpleri aldamaklyk başardýar.
Käbir adamlar ol ýerden gelýän güýçlere şeýle bir teşne welin, olar oňa
hatda öz çagalaryny hem gurban bermeklige taýýar (Zebur 106:36‑38).
Öz maslahatçylyk tejribämden men edil häzirki jemgyýetde hem şuňa
meňzeşlilkeriň bolup geçýändigini anyk bilýärin.
Men aşakda okkult ylmynyň mesihi üçin näçeräk howpludygyna
anyk göz ýetirmeýänleri aňyna getirip biljek Mukaddes Ýazgydan
birnäçe sözleri mysal getirmekçi. Şeýtanyň biziň Hudaýdan garaşsyz
duýgularymyzy Ondan özümizi aýyrmagymyzy umyt etmek bilen
güýçlendirmäge çalyşýandygyny ýatda saklamak gerek.
„Ýöne Ysraýyl semredi, depmäge başlady.
Garnyny ýag alyp agyrlaşdy.
Özüni ýaradan Hudaýyndan ýüz öwürdi,
Ret etdi Halasgär Gaýasyny.
Bigäne hudaýlar bilen Ony gabandyrdylar,
Nejis zatlar bilen gaharyny getirdiler.
Olar Hudaýa däl-de, jynlara,
Tanamaýan hudaýlaryna,
Ata-babalarynyň gorkmadyk hudaýlaryna,
Ýaňy dörän hudaýlara gurban kesdiler.
Sen özüňi ýaradan Gaýany unutdyň,
Dünýä inderen Hudaýy ýatdan çykardyň“.
(Kanun Taglymaty 32:15‑18).
8
Hudaýsyz ýaşamaklygyň
özüne çekijiligi
Meniň oglum Karl çaga bolany üçin günäli bolmagyň nämedigine hiç
düşünip bilmedi. Emma muňa seretmezden ol hemişe bu barada geplemek
isleýärdi we öýde biz Injil okaýan wagtymyzda şeýle hem edýärdik. Meniň
göwnüme bolmasa, maňa bir wagtlar „galaýy“ sözüni aýtmagyň ýaraýşy
ýaly, oňa hem bu sözi aýtmaklyk ýaraýan ýalydy. Oňa entek özüň günä
etmeklikden günälenmegiň tapawudyna düşünýänçä ýene birnäçe hepdeler
geçip gitdi.
Öz gulluk wagtymda men köp sanly mesihileriň hem şeýle düşün­
mezlikleriniň bardygyna göz ýetiripdim. Günäli pikirlere maýyl bolmak
bilen olar özlerini haýsydyr bir zatda günäli hasap edýärler. Başga
söz bilen aýdanymyzda olar günälemek bilen günä etmegi deňleýärler.
Bu ýerde Isanyň Özüniň hem „ähli zatda synalandygyny, emma günä
etmändigini“ ýada salmak gerek (Ýewr. 4:15), has dogrusy, her zatda
synalypdyr, emma günä etmändir. Entek dünýäde günä barka biz hem
edil Isa ýaly her zatda synalarys. Emma Ol günä etmändir we biz hem
günä etmeli däldiris (1 Kor. 10:13). Men bu bölümde gadagan edilen
zatlara göwün bermekligi giňden seljermekçi we siz şonda ony wagtynda
tanarsyňyz hem Hudaýyň erki boýunça däl-de, öz erkiňiz boýunça
hereket etmeklik günäsinden saklanarsyňyz.
Maýyl bolmaklygyň özeni
Adam atanyň döwründen bäri her bir adam dünýä fiziki diri, ruhy
taýdan bolsa öli gelýär (Efes. 2:1). Hudaýdan üzňe bolmak bilen biz öz
isleglerimizi Ondan garaşsyz kanagatlandyrmaklygy öwrendik. Netijede,
biz öz isleglerimizi we özümizi birinji ýerde goýmaklyga endik etdik.
Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi
99
Ýokardan dogulmak bilen biz ruhy taýdan direldik, emma teniň bu ruhy
öli wagtymyzda dörän tekepbir endikleriň we özüňi alyp barmaklygyň
shemalar ýygyndysy, bizde galdy we bize Hudaýyň ruhunda wepaly
gezmeklige päsgel berýär. Gadagan edilenlere göwün bermekligiň özi
kanuny adamçylyk talaplaryňy Mesihiň üsti bilen däl-de, dünýäniň, teniň we
arwahyň üsti bilen kanagatlandyrmaklygy islemekden durýar (Fil. 4:19).
Islendik gadagan edilmelere göwün bermeklik – bu Hudaýsyz ýaşaýşa
çakylykdyr.
Gadagan edilmelere göwün bermekligiň güýji biziň aňymyzda biz
entek Hudaýdan garaşsyz ýaşaýan wagtymyzda peýda bolan günäleriň
berk durumlylygyna baglydyr. Mysal üçin, eger siz mesihi maşgalasynda
terbiýelenip, zyna suratly žurnallary we telegepleşikleri görmedik
bolsaňyz, onda siziň durmuşyňyzdaky jyns azgynlygy zyna habarlary
bilen azanyňka garanda has gowşak bolar. Näme üçin? Sebäbi söýgüli
bolmaklyga kanuny isleg ata-ene tarapyndan kanagatlandyrylýar,
öz talaplaryňy kanagatlandyrmaga we kanuny bolmadyk serişdelere
ymtylmaklyga dörän öz-özümi meýilleşdirmek we mertebe duýgusy
päsgel berdi. Zyna etmek azgynlygynyň şertlerinde kemala gelen adam
zyna etmeklige köp duçar bolýar, çünki ol özüniň Hudaýa ýüzlenmesinden
öň eden günäleriniň berkliginiň güýjünde bolýar.
Öz islegiňe baglylykda
Biziň köpümiz ýaragly talaňçylyk, öldürmek ýa-da zorlamak ýaly görnetin
günälere meýil etmeýäris. Iblis beýle gönümel usullar etmekden has
akylly. Ol adamlaryň ýaşyryn bolmadyk erbetlige tizden göz ýetirjegine
düşünýär. Şonuň üçin hem beýle seredeniňde günä hasaplanmaýan
hereketlere adamlary ugrukdyrmaga çalyşýar. Biziň isleglerimizi kemkemden gyzdyrmak bilen ol biziň oňatlykdan erbetlige geçmegimizi
isleýär.
Pawlus şeýle ýazýar: „Maňa hemme zada rugsat berlendir; ýöne
hemme zat peýdaly däldir. Maňa hemme zada rugsat berlendir, ýöne
hiç zat maňa agalyk etmeli däldir“ (1 Kor. 6:12). Resul mesihi üçin ähli
ýollar açyk hasap edýär, sebäbi ol günäden azat edilen we ol kanun
boýunça ýazgarylmaýar. Şunuň bilen birlikde, eger adam öz isleglerine
jogapkärçiliksiz eýerip gidip otursa, onuň gadagan edilen çyzykdan
aňsatja geçip biljegini we Hudaýyň erkini bozjagyny resul Pawlus aýdyň
bilýärdi. Bu bolsa günädi.
100
Gandaly döwýänçi
Aşakda eger gadagan edilen çyzykdan we Hudaýyň erkinden çykylsa
günäli netijelere getirjek oňat duýgular we niýetler sanalyp geçilýär:
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
•
dynç almak islegi ýaltalyga;
asudalykda ýaşamak islegi ýekemenlige;
durmuşdan lezzet almak islegi bikärlige;
girdeji almak islegi açgözlüge;
fiziki lezzet almak islegi duýgurlyga;
zatly bolmak islegi bahyllyga getirýar;
iýmitden lezzet almak islegi doýmaz-dolmazlyga getirýär;
özüň baradaky alada ulumsylyga getirýär;
özüňi sylamaklyk duýgusy men-menlige öwrülýär;
sözlemek islegi gepçilige;
ägälik ynanmazlyga;
ynanmaklyk biparhlyga;
gaharlanmak özüňe erk edip bilmezlige;
kiçigöwünlilik ýol bermä;
äşgär etmek ýazgarmaklyga;
bir jynsdaky iki adamyň dostlugy gomoseksuallyga;
jyns azatlygy bozuklyga;
ynsaplylyk yzagalaklyga;
sahylyk tygşytsyzlyga;
özüňi goramak islegi adylsyzlyga;
aladaçyllyk gorka öwrülýär.
Günä ruhy ösüşiň ters häsiýeti hökmünde
Özüniň birinji Ýollanmasynda Ýahýa mesihilik kämilliginiň üç derejesini
suratlandyrýar. Birinji derejede durýanlary resul „çagalar“ diýip atlandyrýar
(2:12). Olar Hudaýy bilýärler, Onuň adyna minnetdarlykda olaryň günäsi
geçilýär, emma muňa seretmezden olar mesihi kämilligiň ilkinji derejesinde
durýarlar. Ikinji derejä „ýetginjekler“ (13, 14‑aýatlar) – hilegäri ýeňen
adamlar girýärler. Bular işjeň mesihiler, özlerindäki Hudaýyň Sözüniň
güýjünde ösýärler. Olar hakykaty we öz aňy üçin nahili göreşmelidigini
bilýärler.Günäli endikler indi olara hökmüni ýöretmeýär. Mundan hem
başga olar öz ruhy gapma-garşylygyny ýeňdiler we şonuň üçin hem Isa
Mesihde doly azatlykdan lezzet alyp bilýärler. Olar diňe bir azat bolman,
eýsem olar öz azatlygyny nahili goramalydygyny hem bilýärler.
Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi
101
Üçünji derejede „atalar“ (13‑14‑aýatlar) ýerleşýärler, olar Hudaýa
çuň göz ýetirenler. Olaryň ynamy Ýaradan bilen ýakyn, söýgä dolan
gatnaşyklara esaslanan we olary gazanmaklyk biziň ruhy ösüşimizde
maksat bolup durýar. Ýahýa bizi ynamda ösüp, günä garşy durmaklyga
çagyrmak bilen, mundan bu ýana maýyl ediji zatlaryň biziň durmuşymyza
haýsy ýollar bilen geçýändigini suratlandyrýar.
Maýyl bolmaklygyň görnüşleri
Siz gadagan edilmelere has şowly garşy durup bilersiňiz. Muniň üçin
iblisiň sizi hudaýsyzlyga (Hudaýdan garaşsyz bolmaklyga) çekmeginiň
bary-ýogy üç usulynyň bardygyna düşünmegiňiz gerek. Olar resul
Ýahýanyň şu sözlerinde getirilýär: „Dünýäni, dünýädäki zatlary söýmäň.
Biri dünýäni söýýän bolsa, onda Atanyň söýgüsi ýokdur. Çünki dünýäde
bolan ähli zatlary: ten höwesleri, göz höwesi we ýaşaýyş tekepbirligi
Atadan däl, dünýädendir. Dünýä we onuň höwesleri geçip gider, kim
Hudaýyň islegini ýerine ýetirse, baky galar“ (1 Ýahýa 2:15‑17).
Maýyl bolmaklygyň üç görnüşi şulardyr: teniň aşa islegi; gözleriň aşa
islegi we ýaşaýyş tekepbirligi. Teniň aşa islegi biziň fiziki isleglerimize
gönükdirilen. Gözleriň aşa islegi biziň öz-özümize gönükdirilen. Oňa
Hudaýyň sözüne şübhelenmek mahsus. Ýaşaýyş tekepbirligi – bu özözüňi ulaltmak we öz-özüňi öwmek. Şeýtan bu üç maýyl ediji zatda
birinji we soňky Adamy hem synagdan geçirdi. Birinji Adam saklanmagy
başarmady we biz onuň netijesinde ejir çekýäris. Emma soňky Adam-Isa
Mesih – dabaraly ýeňşi gazandy we biz şonuň üçin Onda şeýtanyň bize
garşy gönderýän azdyrmalaryna garşy durmak üçin ýeterlik güýje eýe
bolýarys. (Surat. 8a seret).
Teniň höwesleri
Şeýtan Howy teniň höwesinde tanady. Ol ony Hudaýyň gadagan
eden miwesinde şübhelenmäge mejbur etdi. Ol gadagan edilen miwä
degişlilikde Howdan şeýle sorady: „Dogrudanam, Hudaý size jennetdäki
agaçlaryň hiç birinden iýmäň diýdimi?“ – diýip sorady.
How: „Hudaý olary ellemäň we iýmäň“ – diýdi diýip, jogap berdi (3‑aýat).
Emma şeýtan onuň „işdäsini“ oýnady we „aýal miwäni iýmegiň
oňatdygyny gördi“ (6‑aýat). Adamyň we Howuň ten isleginiň öňünde
102
Gandaly döwýänçi
durup bilmedikligi ilkinji adamlaryň günä etmekligine getirdi. Şeýle hem
şeýtan ten islegini Isany paş etmekde ulandy. 40 günlük oraza tutmakdan
soň Reb ajykdy. Şonda hilegär Rebbiň ýanyna geldi we „Sen Hudaýyň
Ogly bolsaň, şu daşlar çörek bolsun diýip buýur“ – diýdi. (Matta 4:3).
Şeýtan ähli ýere ýetişmese-de, ol örän akylly, şonuň üçin hem ol Isa
Mesihiň fiziki taýdan gowşak wagtyny saýlap aldy. Siz onuň özüňiziň
gowşak ýeriňizi peýleýändigine şübhelenmän bilersiňiz. Bular iýmite,
dynç almaklyga, bol-elinlige, jyns gatnaşygyna aşa islegler bolup biler.
Haçanda siz örän aç ýa-da örän ýadaw, ýa-da ýalňyzlykda bolanyňyzda
saklanmak kyn.
Ten höwesleri bizi Hudaýyň islegini berjaý etmekden aýyrmak
maksadyny goýup, dünýewi zatlara gulluk etmeklige mejbur edýär
(Gal. 5:16,17). Jennet bagyndaky gadagan edilen miwede hiç hili
erbetligiň ýok bolşy ýaly, iýmitlenmekde hem hiç hili bir erbetlik ýok;
iýmek – Hudaýyň döreden iýmitleriniň üsti bilen kanagatlandyrylýan
fiziki talapdyr. Emma Hudaý bu jennet miwesini iýmegi gadagan etdi
we düzgüni Adam bilen Howuň bozmagy olaryň Hudaýdan garaşsyz
ýaşamak islegini aňlatdy. Adam we How Hudaýyň erkini bozdular.
Şeýlelik bilen Isa üçin orazanyň soňunda çörekden iýmekligiň özi günä
däldi. Munuň özi Hudaýyň erkine dogry gelmeýärdi. Isa şeýtana şeýle
garşylyk görkezdi: „Adam diňe bir çörek bilen däl-de, eýsem, Hudaýyň
agzyndan çykýan her bir söz bilen hem ýaşaýandyr diýip ýazylgydyr“
– diýip jogap berdi (Matta 4:4). Orazanyň soňunda ol çörekden Isanyň
näler iýesi gelse-de, Ol Öz Atasynyň islegine garşy gitmekden ýüz
öwürdi. Öz durmuşy bilen Isa Ata Hudaýa gulluk etmekligiň aňrybaş
nusgasyny görkezdi (Ýahýa 5:30; 6:57; 8:42; 14:10; 17:7).
Haçanda şeýtan sizi ten höwesi bilen maýyl etmekçi bolanynda, onuň
maksady – öz hususy fiziki talaplaryňyzy kanagatlandyrmak üçin sizi
Hudaýyň isleginiň çäginden çykarmakdyr. Iýmegiň özünde hiç hili erbet
zat ýokdur, emma açgözlenmek, iýmite bagly bolmak, ýaramaz iýmiti
ulanmak dogry däl.
Her jynsdan bolanlara jynsy gatnaşyk etmeklik Hudaý tarapyndan
buýrulan, emma oňa nikalaşmazdan girişmek, şeýle hem öz hususy talap­
laryňy kanagatlandyrmak üçin öz jynsyňdakylar bilen gatnaşyk etmek
– dogry däl.
Bu ýol ruhy baglylyga eltýän ýol. Haçan hem bolsa siz öz ten
höwesiňizi Hudaýyň rugsat beren usuly bilen amal etmedik wagtyňyzda,
bu ten höwesiniň ters islegdigini biliň.
Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi
103
Şeýle maýyl bolmaklyga garşy çykmak bilen siz Hudaýa makul
bolmadyk usul bilen fiziki talaplaryňyzy kanagatlandyrmakdan ýüz öwür­
melisiňiz. Şonda siz Isa Mesihiň bolan „hoşasynda“ galarsyňyz we onuň
ýalkanyşyndan peýdalanyp bilersiňiz (Ýahýa 15:5). Maýyl bolmaklyga
göwün bermek bilen siz öz mesihi miweliligiňizi kemeldersiňiz, sebäbi
biz Mesihsiz hiç zat edip bilmeýäris.
Göz höwesleri
Adamy we Howy azdyrmakda şeýtanyň ulanan ýene bir usuly, bu
Hudaýyň islegini bozmagyň soňuna degişlilikdäki ýalandy. Hudaý
adama düzgüni bozmaklygyň soňunyň ölüme gelýändigini duýdurdy,
emma şeýtan Howa „Ýok, ölmersiňiz“ (Gelip şykyş 3:4) diýmek bilen
ikirjiňlenmeklige getirdi. Şeýle etmek bilen ol onuň özüni saklap bilmek
duýgusyny bozmak isledi. „Hudaýa gulak asmaň, özüňiziň dogry
hasaplaýan ýoluňyzdan gidiň,“ – ine, onuň sözleriniň manysy. Gadagan
edilen iýmit „göze ýakymlydy“ (6‑aýat), şonuň üçin hem Adam we How
Hudaýyň emrinden ýüz öwürmegi we özlerine dogry hasaplanylýany
etmegi karar etdiler.
Göz höwesleri bizi kem-kemden Hudaýyň Sözünden daşlaşdyryp,
Ýaradana ynamymyzy küteldýär. Öz töweregimizde hemişe dünýäniň
eşretlerini görmek bilen, biz olary Hudaý bilen sözleşmekden köp
islemeklige başlaýarys. Biz Hudaýyň wagyzlaryna we ähtlerine garanda
durmuşda öz düşünjelerimize has köp ynanmaga başlaýarys. Göz islegi
tutaşmak bilen biz ýalňyş düşünmeklige başlaýarys, Hudaý bize şeýle
durmuşy isleýändir öýdüp çen edýäris. Ol bize hiç hili maddy ýalkanyşda
ýok diýmez diýmek bilen, zat ýygnamak bilen bolýarys.
Dolulygymyza Hudaýa ynanmaklyga derek, biz Ondan kepil isleýäris.
Mesihiň ikinji gezek maýyl bolmagynyň sebäbi şunda jemlenýär: „Eger
Sen Hudaýyň Ogly bolsaň, Özüňi şu ýerden aşak okla, sebäbi: «Ol
perişdelerine Sen babatda emr eder, aýagyň daşa degmez ýaly, olar Seni
ellerinde göterer»“ (Matta 4:6). Emma Isa Hudaýdan Özüniň Ogullygy
baradaky subutnamany talap etmedi: „Hudaýyňyz Rebbi synamaň“ diýip
hem ýazylandyr» diýdi (7-nji aýat).
Birwagtlar meniň ruhany bolup işleýän ybadathanamyň agzalarynyň
birnäçesi Hudaýy synap görmek islegine göwün berdiler. Meniň ýakyn
dostlarymyň biri rak keseli bilen agyr ýatyrdy. Ine, şol wagtlary dört
sany garaşsyz „şaýatlar“ ybadathanada Dikiň ölmejekdigi baradaky
Surat 8a
Hudaýa bolan ynam
(Ýahýa 15:7)
“Ýok, ölmersiňiz!“
Hudaýa wepalylyk (Ýahýa
15:5)
«Dogrudanam, Hudaý size
jennetdäki agaçlaryň hiç
birinden iýmäň diýdimi?»
Soňky Adam
(Matta 4:1‑11)
Birinji Adam
(Gelip çykyş 3:1‑6)
Ynsanyň diňe bir çörek
“Hudaýyňyz Rebbi synamaň“
bilen ýaşaman, eýsem,
(Kanun Taglymaty 6:16)
Rebbiň agzyndan çykýan
her bir sözi bilen hem
ýaşap biljekdigine düşünsin
(Kanun Taglymaty 8:3)
Hudaýyň Sözünden
(Matta 16:24)
Hudaýyň isleginden
(Gal. 5:16)
Höwesiň maksady
– bir zatdan
aýyrmak:
Ýok etmek:
Gözüň höwesleri
(tekepbirlik) “…göze
ýakymlydygy..“
(Gel.çyk. 3:6b)
Teniň höwesleri (haýwan
höwesi, isleg, küýseg)
“Aýal bu agajyň miwesiniň
iýmit üçin gowudygyny
gördi“
(Gel. Çyk. 3:6a)
Höwesleriň
görnüşleri:
(1 Ýahýa 2:15‑17)
Hudaýyňyz Rebden gorkuň.
Oňa gulluk ediň, diňe Onuň
adyndan ant içiň
(Kanun Taglymaty 6:13).
“Edil hudaýlar ýaly
bolarsyňyz…“
Hudaýa gulak asmakdan
(Ýahýa 15:8‑10)
Hudaýa baş egmekden
(1 Petrus 5:5‑11)
Ýaşaýyş tekepbirligi (özüňe
ýokary baha bermek, özüňi
öwmek) “…onuň akylpaýhas berýändigini…“
(Gel. çykyş 3:6ç)
104
Gandaly döwýänçi
Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi
105
Hudaýyň Sözi bar diýen myş-myşy ýaýratdylar. Köpler muňa begen­
diler. Emma gynansakda, üç hepdeden soň ol aradan çykdy. Eger bu
dört „şaýat“ Hudaýdan „sagalmak“ baradaky habary eşiden bolsalar,
onda ölüm näme? Hudaý näme ýalançymy? Bu mümkin däl, sebäbi
Hudaý – bu hakykat. Ýalan ýalanyň atasy – iblisden gaýdýar. Görnüşi
ýaly, şaýatlar ýaman ruhlar tarapyndan aldanypdyr, ýaman ruhlar
ybadathana gelýänleriň arasynda Hudaýa ynamsyzlygy döretmek
isläpdirler.
Hudaý bize hiç zat borçly däl: Ol diňe Öz-Özüne jogap berýär. Adam
öz haýyşyny Hudaý oňa jogap bermäge borçly bolar ýaly derejede
gurnap bilmeýär. Bu dilegiň düýp esasyny ýoýýar we adamy Hudaýyň
ýagdaýynda goýýar. Dogruçyl adam ýazylan Hudaýyň Sözünde ynam
bilen ýaşaýar we öz isleglerini olar näçe wajyp bolsalar-da, gyşarnyksyz
berjaý edilmegini talap etmez. Synagdan Hudaý däl-de, biz geçýäris.
Ýaşaýyş tekepbirligi
Ten höwesleriniň üçünji görnüşi „Täze Asyr“ hereketiniň esasynda
tutulan, ol: öz ykbalyňa ýolbaşçylyk etmek, öz dünýäňe höküm sürmek,
Hudaý bolmakdyr. Gadagan edilen miweleri görkezip, şeýtan şeýle
diýdi: „Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň
açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär“ (Gelip çykyş 3:5).
Şeýtan biziň ganymyzda bar bolan ýolbaşçylyk etmek höwesimize
çagyrýardy. „Indi Hudaýyň gol astynda ýolbaşçylyk etmek bilen kanagat
etmäň – siziň özüňiz hem Hudaý bolup bilersiňiz ahyry“ – diýýän ýalydy.
Haçanda How agajyň „aýratyndygyna, sebäbi bilim berýändigine“
ynanandan soň miweden iýdi we Adama hem berdi.
Şeýtanyň adamyň Hudaý bolup biljekdigi baradaky sözleri durşuna
ýalan. Göwünlerini awlamak bilen Adam hem, How hem Hudaýa
öwrülmedi, älem-jahan bolsa heläkçilige sezewar edildi. Adam özüniň
ýere eýelik etmek hukugyndan mahrum boldy we ol şeýtana geçdi.
Adam urugynyň duşmany öz arzuwyna ýetdi.
Şeýtan Halasgäre degişlilikde hem şu usuly ulanmaga çalyşdy. „Iblis
ýene Isany äpet belent daga eltdi, dünýäniň bütin patyşalyklaryny,
olaryň şan-şöhratyny görkezip, Oňa: «Dyza çöküp, maňa sežde etseň,
men şu zatlaryň hemmesini Saňa bereýin»“ – diýdi. (Matta 4:8‑9).
Isa şeýtanyň bu dünýäniň patyşalyklaryna we olaryň şöhratyna eýelik
106
Gandaly döwýänçi
etmäge hakynyň bardygyna şübhelenmedi. Ol şeýtana ilkinji adamlaryň
günä etmekleri sebäpli geçdi. Emma barybir eger oňat pikir edip görseň
şeýtanyň teklibi geň görüner: näme üçin Isa bütin jahanyň Hökümdary,
dünýä şalygyna eýe bolmaklyga göwün bermeli? Şonuň üçin hem, Isa
garşy çykdy: „Ýanymdan aýryl, şeýtan! «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et,
diňe Oňa gulluk et» – diýip ýazylgydyr“ diýdi“ (10‑aýat).
Ýaşaýyş tekepbirliginiň maýyl etmek maksady biziň Hudaýa
çokunmagymyzy bozmaklyga, öz hususy hudaýlylygyňa ynandyrmaklyga
gönükdirilen. Haçanda siz özüňiziň Hudaýyň kömegine mätäç däldigiňizi
duýan wagtyňyzda, özüňiziň hiç kime borçly däldigiňize we ähli zady
özüňiziň edip biljekdigiňize göz ýetireniňizde, bilip goýuň: bu ýaşaýyş
tekepbirliginiň anyk alamatlarydyr. Siz öz-özüňize gulluk edýändirin
diýip pikir etmegiňiz mümkin, emma hakykatda adam Hudaýa gulluk
etmekden boýun gaçyrsa, ol şeýtana gulluk edýändir. Muny bolsa şeýtan
hemmeden beter isleýändir. Mundan gaça durmak üçin siz kaýyl bolmak
bilen baş egip, Hudaýa uýmalysyňyz. (1 Petr. 5:5, 11; Ýahýa 15:8‑10).
Islendik maýyl bolmaklyk üç ýagşylykly hereketleriň haýsydyr birine
ýa-da birnäçesine garşy gönükdirilendir:
Hudaýyň emrine boýun bolmak;
Hudaýyň Sözünde aňladylýan Hudaýa ynamy:
Hudaýa gulluk etmeklikde aňladylýan Hudaýa baş egmekligi.
Bilip goýuň, şeýtan edil siziň gowşak ýeriňizi tapyp şoňa özüniň
urgusyny gönükdirmek üçin sizi yzarlaýandyr.
Adamyň esasy iki gowşaklyklary
Geliň, biz näme üçin Hudaýa garşy bolup, Onuň Sözüni gadagan
etmeklige özümize rugsat berýäris – diýen soraga jogap bermeklige
çalşalyň. Dogry jogap bereliň: sebäbi biz şeýle isleýäris. Bizi tagamly
iýmit ýa-da başga biriniň özüne çekiji daşky keşbi özüne çekmeýär, biz
Hudaýdan üzňe, Onuň islegi däl bolsa-da, lezzet almaklyga çalyşýarys.
Bu şeýtan tarapyndan biziň aňymyza guýulýan ýalan umyt. Oňa
ynanmaň, sebäbi ten höwesini hiç wagt gandyryp bolmaýar. Tersine:
„Dogrulyga ajygyp – suwsanlar bagtlydyr, çünki olar doýup-ganarlar“
(Mat. 5:6). Diňe Hudaý bilen we adamlar bilen dogry gatnaşyklar, diňe
Mukaddes Ruhuň miweleri size hakyky lezzeti berip biler.
Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi
107
Iýmek üçin ýaşamalymy ýa-da ýaşamak üçin iýmeli?
Adamyň esasy fiziki talaby iýmite baglylyk we ol durmuş üçin möhüm
zatdyr. Biz ýaşamak üçin iýýäris. Eger başgaça bolanynda iýmit
doýurmaklygy bes edýär. Mundan hem başga adam ondan bagly bolup
galýar. Şonuň üçin hem ýer ýüzündäki millionlarça adamlar aşa köp
iýmeklikden ejir çekýärler. Açlyk tebigy ýol bilen adamyň organizminiň
iýmitlendiriji serişdelere zerurlygynyň ýüze çykmagy esasynda peýda
bolýar we iýmit saglygy saklamaklyga we güýjüňi diklemeklige kömek
edýär. Şu hili ýagdaýlarda adam iýmite bagly bolmaýar. Eger iýmit
aladaňy ýatyrmak, süýji we duzly zatlardan islegiňi kanagatlandyrmak
we ş.m. – gulluk etse bu saglyga ters täsir eder.
Resul Pawlusyň iýmit meselesini: „Ruh nygtap aýdýar: soňky
wagtlarda käbir adamlar imandan däner“ (1 Tim. 4:1) duýdurmagy
ýöne ýerden däldir. Soňky günleriň gelmeginiň ýene bir alamaty: „Bu
ýalançylar öýlenmegi gadagan eder, iman edip, hakykaty bilýänleriň
şükür bilen iýmeleri üçin, Hudaýyň ýaradan tagamlaryndan gaça durmagy
buýrar“ (1 Tim. 4:3). Meniň duş gelen ýagdaýlarymda iýmit kadalarynyň
bozulmagy azda-kände ruhy sebäbe eýedi, emma anoreksiýany ýa-da
bulimiýany bejerýän hekimler näsaga ruhy kömegi örän seýrek berýärler.
Bir konferensiýadan soň ruhanynyň aýalyndan men şeýle haty aldym.
Ine, men ony okaýaryn:
Mähriban Nil,
Biz siziň konferensiýaňyzdan alan hakykatymyzyň kömegi bilen
Hudaýyň biziň üçin beren ähli zatlaryny sanap geçmeklige
meniň mümkinçiligim ýok. Men indi iblisiň aldawyna has oňat
düşünýärin we bu mende biziň mähirli we ägirt Halasgärimize
aýratyn minnetdarlyk duýgusyny döredýär. Men öň bir ýyllap
bulimiýa bilen keselledim, emma häzir men güni bilen aşhanada
bolsam-da öňkülerim ýaly dyngysyz iýmeklige bolan islegi
duýmaýaryn. Haçanda şeýtan meni haýsydyr bir ýol bilen
öz alyna saljak bolsa, men hakykatyň kömegi bilen ondan
halas bolýaryn. Meniň iýmitiň öňünde gorky duýgusy bilen
birnäçe sagatlarymy garaňkylygyň hökümdarlygynda geçirýän
pursatlarym hem bolýardy. Indi maňa diňe hakykaty bilmegimiň
getirýän azatlygyna guwanmak galýar.
108
Gandaly döwýänçi
Jynsy azgynlyk
Iň soňky günlere degişlilikde öz aýdanlarynda resul Pawlus jynsy islegiňi
kanagatlandyrmagyň ýeke-täk esasy nika diýip düşündirýär (1 Tim.
4:3). Mukaddes Ýazgynyň nukdaýnazaryndan jyns azgynlygy uly günä
topbagy bolup biler. Bu barada Pawlus şeýle ýazýar: „Ahlaksyzlykdan
gaçyň! Adamyň edýän her bir günäsi teniň daşyndadyr, ýöne ahlaksyzlyk
edýän öz tenine garşy günä edýändir“ (1 Kor. 6:18). Maňa kömek
sorap ýüz tutýanlaryň jynsy häsiýetiniň haýsy hem bolsa bir ýerinde
düzgün bozulma bolup geçipdir. Käbirleri hetdenaşa şöwketparazlygyň
ýesirligindedi, käbirleri jyns taýdan jynly tutmalardan ejir çekýärdiler.
Mundan hem başga jynsy zorlanmalara duçar bolanlar-da ýa-da ýürek
bulanjy iblis dessurlaryna gatnaşanlar-da haýsydyr bir jyns gatnaşygyna
bagly günä bolup geçipdir. Eger-de azgynlyk bilen „kesellenende“, bu
meniň pikirimçe, esasanda nikadan daşary jyns gatnaşyklaryň netijesinde
ýüze çykýar.
Adama är-aýal gatnaşyklaryny etmek Hudaý tarapyndan berlendir.
Jyns gatnaşygy bilen meşgullanmak – adamyň ýaşamagynyň tebigy
bölegidir. Emma jyns gatnaşyklary, onuň üçin Hudaý tarapyndan
berlen çäklerde bolup geçmelidir. Isa şu zatlary göz öňünde tutup,
şeýle diýýärdi: „Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen
bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir“ (Mat. 5:28).
Ten höwesi (ýa-da maýyl bolmak) grek dilinde „epitumos“ diýmekdir.
„Epi“ goşulmasy grek dilinde „goşmaça, artykmaç“ diýmegi aňladýar.
Şeýlelik bilen, Isa biziň öz jyns duýgularymyzy hapa ten höwesi we
emeli ýol bilen güýçlendirmezligimizi isleýär. Öz jyns islegleriňi gerekli
derejesinde saklamaklygyň ýeke-täk ýoly – bu öz pikirleriňe ünsli
gözegçilik etmek.
Ten höwesi fiziki kanagatlandyrmalary talap edýär we bize
Rimlilere hatyň 6-njy bölümine ýüzlenmäge wagt geldi: „Höweslerine
boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde günä höküm sürmesin.
Synalaryňyzy nädogrulyk guraly edip, günä tabşyrman, eýsem ölümden
direlen hökmünde özüňizi Hudaýa tabşyryň, synalaryňyzy dogrulyk
guraly edip, Hudaýa tabşyryň“ (Rim. 6:12, 13). Haçanda siz ten
höwesine göwün bereniňizde, şeýtana peýlemäge rugsat berýärsiňiz.
Fiziki kynçylyklar ruhy kynçylyklara öwrülýär. Maňa özüniň 20 ýyllap
öz-özüne erk edip bilmändigi barada bir Hoş Habarçy açyk aýtdy. Hoş
Habarçylyga taýýarlanýan wagtynda ol günälerinden saplanmak üçin
Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi
109
ähli serişdeleri ulandy, emma bu oňa haçanda meseläniň özenine göz
ýetireninden soň başartdy. Ony fiziki däl-de, ruhy sebäp eýeläpdir.
E ýgertmeýän isleglerden üstün çykmak
Korintoslylara birinji hatda biz özümize eýgertmeýän isleglerimizden
gorkymyzy ýok edip biljek sözleri okaýarys. „Siz her kişiniň başyna
gelýänden başga hiç bir synaga salynmadyňyz. Hudaý dogruçyldyr, Ol
size güýjüňizden öte synalmagyňyza ýol bermän, döz gelip bilmegiňiz
üçin, synag bilen bilelikde çykalga-da açar“ (1 Kor. 10:13). Pawlusyň
aýdan „ýeňilligi“ haýsy ýol bilen berler? Ol her bir mesihiniň aňynda.
Eýgertmeýän höwesler çeşmesi seniň teniň ýa-da şeýtandan bolan
pikirlerden gelip çykýar. Ony alternatiw hökmünde seredip, ol barada
oýlanmaga başlanymyzda ol günä getirmäge degişli herekete gelýär.
„Biz ters çekişmeleri, Hudaýyň biliminiň garşysyna aýaga galan her
bir belentligi ýykyp, her pikiri Mesihe boýun bolmaga ýesir edýändiris“
(2 Kor. 10:5). Maýyl bolmaklygy ýeňip geçmeklikde ilkinji ädim – öz
aňyňyzda peýda bolýan her pikire baha bermekdir.
Ol pikirleri resul Pawlusyň aýdyp geçen sekiz kriteriýasy boýunça
bahalandyrmak gerek: „Mahlasy, eý doganlar, dogry, hormatly,
adalatly, tämiz, ýakymly taryplanýan näme bar bolsa, artyk we öwgä
mynasyp bir zat bar bolsa, siz şol hakda oýlanyň“ (Fil. 4:8). Özüňizden
soraň: „Bu hyýalym Hudaýyň Sözüne garşy gelmezmi? Bu hakykymy?
Mynasypmy? Eger meniň bu hyýalym iş ýüzüne geçeninde, onuň üçin
maňa utanç bolmazmy? Ol meniň ruhy ösmegime kömek edermi?
Men onuň üçin Hudaýa alkyş okap bilerinmi?“ Eger siz öz aňyňyzda
peýda bolan pikiriň synaga döz gelip bilmeýändigine göz ýetirseňiz,
haýal etmän, ondan dynyň. Ol gaýtadan ýene aňyňyza gelse, ol barada
oýlanmakdan ýüz öwrüň. Eger-de siz özüňizde peýda bolýan pikirleri
dogry bahalandyrmagy we olaryň synagdan geçip bilmeýänlerinden
dynmagy öwrenen bolsaňyz, onda siz maýyl bolmaklygy ýeňip bilmegiň
usulyny tapdyňyz.
Başga bir tarapdan, eger siziň aňyňyza gelen pikir, Filipililere
Ýüzlenmedäki 4:8 ähli kriteriýalara dogry gelýän bolsa, onda ol hakda
oýlanyň (8‑aýat), ony ýerine ýetiriň (9‑aýat) we „parahatlyk beren
Hudaý siziň bilen bolar“. Bu maýyl bolmak bilen günä edip ejir we agyry
çekýänlere garanyňda gaty uly baýrak.
110
Gandaly döwýänçi
Toba ediň we ähli güýjüňiz bilen günä garşy duruň
„Günä – toba – günä – toba“ diýlen ýapyk aýlawda aýlanyp ýören
adamlar kem-kemden azat bolmaklyga umytlaryny ýitirýärler. Ýönekeý
erkiňe agram salmaklyk olary günä etmeklikden saklap bilmeýär we
iblisden gelýän günäňi duýmaklyk duýgusy uly göwrüme baryp ýetýär.
Öz-özüňe erk edip bilmeklik ýetilmejek arzuwa, mesihi durmuşy bolsa
ýokary galmaklygyň we ýykylmaklygyň gezekleşmegi diýip göz öňüne
getirilýär.
Günäni siziň aýagyňyza ýapyşyp hiç goýbermeýän ite meňzetmek
bolar. Siz öz gursagyňyza urup öz eden günäleriňiz barada Hudaýdan
bagyşlamagyny soraýarsyňyz we ol sizi halas edýär, emma it siziň
aýagyňyzy goýbermeýär. Belki, öz-özüňi urman iti urmalysyňyz? Ýakubyň
Ýüzlenmesinde şeýle okaýarys: „Indi Hudaýa boýun boluň. Iblise garşy
duruň, ol sizden gaçar“ (4:7). Biz öz günälerimizi açýan wagtymyzda
dogry hereket edýäris, emma bu „günä-ony açmak“ siklinden garşy
durmaklygy aýyrsak dogry etmeris. Bize öz günälerimizden saplanmak
üçin iblise „garşy durmagymyz“ we oňa bizi öz günümize goýmaklygy
buýurmaklygymyz gerek.
Biz edil diňe Hudaý we günä bilen kesellän adam jemgyýeti bardygyny
duýýan ýaly ýaşaýarys. Emma resul Ýahýa näme ýazýar: „Eý, balalarym!
Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Kimdir biri günä eden
bolsa, Atanyň ýanynda Töwellaçymyz, dogry bolan Isa Mesih bardyr“
(1 Ýahýa 2:1). Adyl Halasgärimize ýüzleneliň we adamzadyň duşmanyna
garşy duralyň. Biziň günälerden üstün çykmagymyzyň girewi şudur.
9
Ýalan pikirlere ynanmaň
Mesihi köpçüliginde, hatda ruhanylaryň we ybadathana ýolbaşçylarynyň,
hatda olaryň maşgalalarynyň arasynda hem iň bir köp ýaýran öz-özüňe
baha bermeklik, öz ýaramazlygyňy, ukypsyzlygyňy, zaýalanandygyňy
boýun almaklyk bolup durýar. Öz-özüňi kiçeltmegiň mesihilige ýetirýän
örän uly zyýanyna men haýran galýan. Bu şaýat bolmaklygyň güýjüni
ýitirýär we her günki işdäki mümkinçilikleri peseldýär.
Güýji boýunça maýyl bolmaklykdan soň iblisiň indiki ýaragy töhmet
(mesihileri günälemek) diýip atlandyrmak bolar. Biz ynamda Isa Mesih
bilen baky garyndaşlyga girdik, diýmek adyllyk üçin direldik we günä
üçin öldük. Biz eýýäm Mesihde gökde ýer tutýarys. Mesihde biziň
barymyz ýarawly, ähli zada ukyply we hiç wagt zaýalanan bolup
bilmeris. Iblis hiç hili ýol bilen biziň Mesih bilen gatnaşyklarymyza
täsir edip bilmez we hiç zatda bizi Hudaýyň gözünde kemsidip bilmez.
Emma ol bizi Hudaýa we başga adamlara gerek däldigimizi ynandyryp
bilse, biziň mesihi netijeliligimizden mahrum edip biler. Iblis töhmeti we
eýgertmeýän islegleri deňine ulanýar. Ol ilki bilen bizi günä etmeklige
çagyrýar, göýä ahli adamlaryň şeýle edýändigini ynandyrýar, soňra bolsa
haçanda biz onuň ugruna gidenimizde günälemäge başlaýar: „Indi sen
şu zatlardan soň nahili mesihi bolup bilýäň? Ynamy unut, barybir Hudaý
seni bireýýäm unutdy“.
Iblis Ylham kitabynda doganlaryň töhmetçisi diýlip atlandyrylan:
„… Mesihiniň gudraty indi amala aşdy. Çünki doganlarymyzyň
aýyplaýjysy, olary Hudaýymyzyň öňünde gije-gündiz aýyplaýan aşak
zyňyldy“ (Ylham 12:10). Biz onuň biri-biriniň yzyndan töhmeti
suňşurýan ýalançy, gaharly sesini tanaýarys. Köp sanly mesihileri ol
öz ýalany bilen aljyraňňylyga salmagy başardy.Olar onuň töhmetine
112
Gandaly döwýänçi
ynandylar we Hudaýyň Öz halkyna wada beren azatlygyndan mahrum
boldular. Şeýle güne düşen mesihileriň biri maňa şeýle hat ýazdy:
Durmuş ýaşanyňa degmeýär diýen meniň köne pikirlerim
gaýtadan ýene gaýdyp gelýär. Men hemişe gorkuda, ýekelikde
we şübhede ýaşaýaryn. Men hiç hili çykalgasyz galdym. Men öz
ýüregimiň töründe Hudaýyň bularyň baryny düzedip biljekdigine
ynanýaryn, emma meniň özümde muny eýgermeklige güýç ýok.
Haçanda men özümi oňat duýup, Hudaýa ýaramly zat etmeklige
synanyşsam, sesler we haýsydyr bir nämälim güýç meni saklap
galýar. Men ol sesler bilen söweşmeklige güýç tapmaýaryn.
Men biraz rahatlygy isleýärin.
Töhmetçini öz ýerinde oturdyň
Begenmeli zat, biz iblisiň ýalanyna we aljyraňňylyga düşmeklige borçly däl.
Zakarýa pygamberiň kitabynda (3:1‑10) ynamda töhmete garşy durmak
we Reb üçin ýalkanyşly durmuşda ýaşamaklyk üçin ahli gereklerimizi
tapýarys.
Reb iblisiň Hudaýyň halkyna eden töhmetine nähili garamalydygyny
Zakarýa açyp görkezipdir: „Perişde maňa Rebbiň perişdesiniň öňünde
duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda
duran şeýtany görkezdi. Reb şeýtana şeýle diýdi: «Reb saňa käýeýär, eý,
şeýtan, Iýerusalimi saýlan Reb saňa käýeýär! Bu adam otdan çykarylan
kesindi dälmi näme?». Perişdäniň öňünde duran Ýeşuwanyň egnindäki
geýimi kirlidi“ (3:1‑3).
Reb iblisi dymmaga mejbur edýär
Bu gökdäki sahnanyň kazyýetiň zalyndaky bolup geçýäni ýada salşyny
göz öňüne getiriň. Kazy – Hudaý Ata. Günäleýän – iblis. Goragçy
aklawçy – Isa Mesih. Işi seredilýän – baş ruhany, bütin Hudayýň
halkyny meni we sizi janlandyrýan. Köne Äht döwründe baş ruhany
Hudaýyň bar ýerine ýylda bir gezek gelerdi. Iň mukaddes ýere gelmeklik
köp sanly dessurlardan soň, baş ruhanynyň tämizlenmek dessuryny
berk berjaý edeninden soň ýerine ýetirilýärdi. Eger ol haýsydyr bir
zatda Hudaýyň öňünde nädogrulyk goýberse, onda oňa şol wagt ölmek
Ýalan pikirlere ynanmaň
113
garaşýardy. Mukaddes ýere gireninde baş ruhany birnäçe jaňjagazlary
özüne mukaddes ýere girip bilmedikleriň onuň öli ýa-da diridigini
bilmekleri üçin dakynýardy. Onuň Hudaýyň ýanynda birden ölse diýip
aýaklaryna ýüp dakýardylar. Ony ýüpden çekip, mukaddes ýere girmän,
daşary çykaryp bilýärdiler.
Ine, biziň öňümizde baş ruhany (tötänleýin onuň hem ady Isa –
terj. belligi), ol Ysraýylyň günälerini aňladýan tegmilli eşikde. Ýagdaý
gözüň giderlikli däl! Iblis töhmete başlaýar: „Reb, oňa serediň, ol
nahili kirli. Eýsem bu adam ölüme mynasyp dälmi?“ Emma Hudaý
şeýtanyň delillerini inkär edýär: „Sen adamlary sud etmeýärsiň we
Meniň halkymyň ykbalyny çözmek saňa galmandyr. Men mundan seniň
ýöňkeýän günäleriňi aýyrýan we ony hökümden halas edýän“.
Suduň şeýle ýagdaýy her bir Mesihe ynanýanlar üçin gije-gündiz
gaýtalanýar. Iblis biziň kämillikden daşdygymyzy subut edip, biziň
ölüme mynasypdygymyzy subut etmäge çalyşýar, emma Isa Mesihiň
Özi biziň üçin Hudaýdan ömür soraýar we hemişe bu bäsleşikde ýeňiji
bolup çykýar, iblis kazyny öz tarapyna geçirip bilmez, sebäbi Mesihe
ynamymyz bilen biz aklanan we hemişe Onuň goragynda ýerleşýäris.
„Hudaýyň saýlanlaryny kim aýyplar? Olary aklaýan Hudaýdyr. Kim iş
keser? Biziň üçin töwella edýän ölen, ondan hem beter direlip, Hudaýyň
sagynda oturan Mesih Isadyr“ (Rim. 8:33‑34).
Hudaýyň öňünde iblisiň bize töhmet etmekligi bilen bir hatarda onuň
emissarlary bize özümiziň nädogrulygymyz we mynasyp däldigimiz
baradaky pikiri ornaşdyrmaga dyrjaşýarlar: „Şeýle edeniňden soň nahili
edip özüňi mesihi hasaplamak bolar? Sen Hudaýyň çagasy däl“. Iblisiň
kazy däldigini ýatda saklaň. Ol töhmetçi. Eger siz oňa ynansaňyz, edil
onuň töhmeti siziň hökümiňiz ýaly ýaşarsyňyz.
Haçanda iblis sizi aljyraňňylyga salmakçy bolsa, oňa şeýle jogap
beriň: „Şeýtan, men Mesihe ynanýaryn. Men Onda Hudaýyň çagasy.
Baş ruhana meňzeşlikde men höküm edilmek gazabyndan azat bolan.
Ol meni ýalkanyş alan hasap edýär. Seniň maňa höküm çykarmaga
hukugyň ýok. Sen maňa töhmet atyp bilersiň, emma men saňa
ynanmaýaryn“.
Hudaý hapalanan eşikleri arassasyna çalyşýar.
Iblisiň töhmetleri ýalan, sebäbi Hudaý mesihiniň hapalanan eşiklerini
arassa çalyşdy. Muny Zakarýa pygamber ine, şeýle suratlandyrýar:
114
Gandaly döwýänçi
„Perişde öňünde duranlara: «Onuň kirli geýimlerini çykaryň» diýdi. Ol
Ýeşuwa ýüzlenip: «Seret, günäňi aýryp taşladym, men saňa toý lybasyny
geýdiýärin» diýdi. Onsoň: «Ýeşuwanyň başyna tämiz selle orasynlar»
diýdi. Olar onuň başyna tämiz selle oradylar, ony geýindirdiler. Rebbiň
perişdesi-de onuň ýanynda durdy“ (3:4‑5).
Hudaý bizi diňe bir ýalkanyş alanlar diýip yglan etmän, eýsem bizi
kirli eşiklerden sogrup alyp, ýalkanyşyň arassa eşigine dolady. Özümiziň
däl-de, Hudaýyň biziň eşigimizi çalyşýandygyna üns beriň. Biz öz
bolşumyzda Hudaýy kanagatlandyryp biljek zady edip bilmeris. Haçanda
biz Oňa boýun bolmak bilen baş egenimizde biz arassalanýarys.
Hudaý bizi boýun bolmaklyga çagyrýar
Iblisiň töhmetinden ýüz öwürdip, bize ýalkanyşy bermek bilen Hudaý
bizi gulak asmaklyga çagyrýar: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär: Eger
Meniň ýolumdan ýöräp, tabşyryklarymy ýerine ýetirseň, sen Meniň
ybadathanamy dolandyrarsyň, howlularyma gözegçilik edersiň. Men saňa
şu ýerde duranlaryň arasynda gezmek hukugyny bererin“ (Zak. 3:7). Bu
aýatlarda Hudaýyň goýýan şertleri biziň Onuň bilen gatnaşyklarymyza,
ynamda alan ýalkanyşymyza degişli däl – ol hiç zada bagly däl. Ol iblise
hem degişli däl, sebäbi ol ýeňlen. Gürrüň siziň günäniň üstünden her
günki edýän ýeňşiňiz barada barýar. Reb bize Öz ýoly bilen gitmegi we
öz ynamymyzy anyk hereketlerde jemläp görkezmeklige çagyrýar. Ol
bizi gorkuda däl-de, ynamda ýaşamaklyga– Ruh boýunça hereket edip,
gün-günden teni depgilemeklige çagyrýar. Biz özümizi günä üçin öli,
Hudaý üçin bolsa diri hasaplamaly we özümiziň ölümli tenimizde günäniň
hökümdarlyk etmegine ýol bermeli däl. Biz özümiziň her pikirimizi Mesihe
boýun bolmaklyga dolamaly we şonuň bilen öz aňymyzy täzelemeli.
Eger biz Hudaýa gulluk etsek, onda Ol bize Özüniň öýüne we
howlusyna syn etmekligimize söz berýär. Bu bolsa biziň ahli babatda
iblisden üstün çykyp dabaralanjakdygymyzy habar berýär. Şeýle hem
Hudaý bize arşa barmaklygy sowgat berýär. Biz islendik wagtda Atamyz
bilen sözleşip bileris. Onuň hökümdarlygynda hereket edip we Onuň
bilen ylalaşykda bolup, biz iblisden hemişe üstün çykjakdygymyza we
Mukaddes Ruhuň miweleri bilen doljakdygymyza ynamly bolup bileris.
Ýalan pikirlere ynanmaň
G örnetin tapawutlar
115
Sizde şeýle sorag döräp biler: „Iblisiň töhmetiniň we Mukaddes Ruhuň
aýdyňlaşdyrmasynyň tapawudyny nähili bilmeli?“ Resul Pawlus bize
tapawudyň aýdyň ölçegini berýär: „Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin
gaýgylananyňyza begenýärin. Çünki siz bizden hiç bir zyýan görmän,
Hudaýyň islegi boýunça gaýgylandyňyz. Çünki Hudaýyň islegi boýunça
gaýgylanmaklyk gutulyş üçin ökünçsiz tobany emele getirýändir. Dünýäniň
gaýgylary bolsa, ölümi emele getirýändir“ (2 Kor. 7:9‑10). Dünýä hem,
Mukaddes Ruh hem adamda eden günäleri üçin gaýgyny döredýärler.
Emma iblisiň töhmeti sebäpli gelen gaýgy ölüme, Mukaddes Ruhuň açmagy
bolsa, toba etmeklige we durmuşa eltýändir. Pawlus korintoslylaryň
gaýgylananyna begenmedi; ol olaryň gaýgysynyň günälerine toba
etmeklige, hakykaty bilmeklige we ruhy azatlyga eltjekdigine begendi.
Mesihi her gün Ruh boýunça hereket etmelimi ýa-da ten? – diýen
soragyň üstünde oýlanmaly bolýar. Eger-de siz diňe teniň isleginiň
yzyna eýerseňiz, onda Mukaddes Ruh sizi açar, sebäbi özüňi şeýle alyp
barmaklyk biziň Mesihdäki derejämize dogry gelmeýär. Ten boýunça
hereket etmegi dowam etmek bilen siz hemişe „gaýgyny“ – wyždanyň
gynamagyny başdan geçirersiňiz.
„Özümiň nahili gaýgy başdan geçirýänime nädip düşünmeli? – diýip
siz sorarsyňyz. – Olar şeýle meňzeş!“ Onuň yzynda näme durýandygyny
kesgitläň – hakykatmy ýa-da ýalan – we siz onuň çeşmesine düşünersiňiz.
Siz özüňizde ýekeligi, aljyraňňylygy we göwünçökgünligi duýýarsyňyzmy?
Onda gaýgy töhmetden gelip çykan, sebäbi onda hakykat görünmeýär.
Hukuk taýdan aýdanymyzda size eýýäm Mesihe ynamda aklaýjy höküm
çykarylan. Kim Mesihe ynamda bolsa oňa ýazgarylmaklyga ýol berilmez.
Siz Hudaý üçin gymmat bahaly, bolmasa Isa siziň üçin janyny gurban
edermidi? Siz ejiz däl, sebäbi siz Mesihde ähli zada ukyply. Haçanda
siz gaýgynyň aňyrsynda göwnüçökgünligiň we umytsyzlygyň gizlenip
ýatanyny görseňiz, bilip goýuň, size iblis töhmet atýar. Hatda siz gowulyga
özgereniňizde hem, iblis sizi günälemek üçin bir zatlar tapar we siziň
ýagdaýyňyz üýtgewsiz galar. Töhmet bilen gelen gaýgydan halas bolmak
üçin Hudaýa boýun boluň we ýalana garşy duruň.
Eger-de siz özüňizi alyp barşyňyz mesihi derejesini aňlatmaýar
diýip hasap edýän bolsaňyz, onda bu sizi toba getirmek üçin Hudaýyň
erki bilen edilýändir. Mukaddes Ruh bizi edil Ýahýanyň Birinji
ýüzlenmesindäki ýaly (1:9) öz günälerimizi açmaklyga çagyrýar. Öz
116
Gandaly döwýänçi
günäleriňizi boýnuňyza alyp, toba gelen wagtyňyzdan Hudaý size olary
geçer we siziň günäleriňizi ýuwar. „Bar, mundan beýläk günä etme“
diýip, Ol aýdar. Siz şolbada özüňizde ýeňillik duýarsyňyz we indi şol
edilen ýalňyşlyklary gaýtalamazlyga bolan güýçlerden dolarsyňyz.
Iblis günälemelerinden Mukaddes Ruhuň aýdyňlaşdyrmasynyň
tapawudyny siz Iuda Iskariotyň we Simun Petrusyň ykballarynyň
mysalynda görüp bilersiňiz. Iblise haýsydyr bir ýol bilen Iuda Iskarioty
Isany satmaklyga mejbur etmek başardypdyr (Luk. 22:3‑5). Haçanda
Iuda otuz kümüş şaýlyklar üçin näme edendigine düşüneninde, eden
işiniň agyrysy ony ölüme getirdi. Töhmet ölüme getirýär, anyklanmak –
günäleriňe ökünmeklige we durmuşa getirýär.
Şeýle hem Petrus Isa dönüklik etmek bilen, Ony satdy. Görnüşi
ýaly bar zadyň başy, şägirtleriň olaryň haýsysynyň uly saýylmalydygy
baradaky jedeliň ýüze çykmagy bilen başlady (Luk. 22:24‑30). Şol wagty
Simunyň göwnüne ulumsylyk aralaşyp bilerdi. Isa Petrusa şeýle diýdi:
„Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi
diledi“ (31‑aýat). Isa Petrusda peýda bolan ulumsylyk üçin, iblise ony
„elemeklige“ hukuk berdi. Emma ol şu ýerde şeýle goşdy: „Emma Men
imanyň kemelmesin diýip, seniň üçin doga etdim. Sen hem bir wagt
öwrülip geleňde, doganlara goltgy ber“ (32‑aýat). Petrus Isa bilen bile
ölmeklige ant içdi, emma iş ýüzünde edil Rebbiň öňünden aýdyşy ýaly,
ondan üç sapar ýüz öwürdi (33, 34‑aýat). Edil Iudany wyždanynyň
heläkleýşi ýaly, Petrus hem aýylganç azap çekdi, emma olar Mukaddes
Ruhdan gelip çykýardy, olar günälerine toba etmeklige we Mesih bilen
birleşmeklige getirdi (Ýahýa 21:15‑17). Haçanda wyždan heläklemesi
sizi Hudaýdan daşlaşdyrýar, şol wagty iblis size töhmet atýar. Oňa
garşy duruň. Haçanda gaýgy sizi Mesihe getirip, sizden günäleriňizi
açmaklygy talap edende, Mukaddes Ruh sizi açýar. Oňa boýun boluň.
Ylham kitabynda iblisiň hemişe „doganlara töhmet edýändigi“ aýdylýar
(Ylham 12:10). Başga bir tarapdan, Mesih hemişe biziň üçin, edil bir wagtlar
Petrus üçin doga okaýşy ýaly, Atanyň öňünde töwella edýär. Ýewreýlere
Ýüzlenmäniň awtory şeýle belleýär: „Şu sebäpden Ol Özi arkaly Hudaýa
ýakynlaýanlary bütinleý gutarmagy başarýar. Çünki, olara töwella etmek
üçin hemişe diri“ (7:25). Bizde uly gaýtawulçy garşydaşymyz bar, emma
ondan hem berk gaýtawulçy Goragçymyz bar we Ol biziň üçin özümiziň
Onda bolan ynamymyzda Atanyň öňünde töwella edýär (1 Ýahýa 2:1).
Ýalan pikirlere ynanmaň
Töhmet: duýduryşly howp
117
Iblisiň hemişelik töhmetine garşy durmaklygy öwrenmeklik näçeräk
möhüm? Bu biziň Mesihde ondan her gün üstün çykmagymyz üçin gerek.
Biziň ählimiz käwagt özümizi Hudaýa-da, adamlara-da gerekmeýän ýaly
duýýarys. Edil şol wagty hem edýän işlerimiz biziň duýgulary­
myzy
aňladýar. Diňe biz şeýtana garşy dursak, şonda ýeňişli durmuşa gaýdyp
gelýäris. Emma şeýtanyň aňsatlyga ýan bermejegini, çemini tapsa onuň
bize töhmet etjekdigini ýatdan çykarmaly däl. Eger biz garşy durmagy
öwrenmesek, onda has beter töhmete duçar bolarys. Janel bilen bolup
geçen waka, örän seýrek ýagdaý hem bolsa, ol töhmete garşy durup
bilmedik mesihä name boljakdygyny aýdyň görkezýär.
Janeli meniň ýanyma onuň ýaşy durugşan ruhanysy getirdi. Janel
şol wagt ýaş zenan bolup, ol Kurta durmuşa çykmakçydy we ol onuň
bilen bile gelipdi. Meni Janel we Kurt bilen tanyşdyryp ruhany gitmekçi
boldy, emma men oňa galmagy haýyş etdim.
– Siz meniň ýanymda galyp bilmersiňizmi? – diýip, men soradym.
– Meniň ýüregim agyrýar – diýip, ol jogap berdi.
Belki, ol duşuşygyň biraz başgarak öwrüm aljagyndan çekinendir.
– Meniň pikirimçe, bu ýerde siziň ýüregiňize täsir etjek üýtgeşik zat
bolmaz – diýip, men köşeşdirmäge çalyşdym. (Emma men hakykatdan
daş düşdüm!) – Mundan hem başga, siz onuň ruhanysy we men siziň
dogalaryma goldaw bolmaklygyňyzy isleýärin.
Ruhany göwünsiz ylalaşdy.
Janeliň gürrüňlerini diňlemek bilen men ony hilegäriň hakykatdan hem
zaýalandygyna göz ýetirdim. Ol çagalygynda we ýaşlygynda zorluga
sezewar edilipdir. Şeýle hem, onuň taryhynda ýaş ýigit bilen gaty adaty
bolmadyk ýagdaý bolup geçipdir. Öz durmuşynyň soňky ýyllarynda ol
iblisiň ähli kynçylyklaryň başynyň özüdigi baradaky aýdýan ýalanlaryna
doly ynanypdy we özüni Hudaýa hem, adamlara hem gerekmejek adam
hasap edýärdi. Onuň özi baradaky pikirlerini erbet diýip hasaplamak
kyndy: olar birhili aýdyň däldi, garaňkydy.
Tanyş täre göz ýetirip, men şeýle diýdim:
– Janel, seni aňyňa aýlamaklyk üçin söweş gidýär, biz saňa ýeňmäge
kömek bereris, sebäbi bize Hudaýdan şeýle hukuk berlen.
Men şu sözleri aýdanymdan Janel derrew üýtgedi: göwresi we
garaýşy doňdy.
118
Gandaly döwýänçi
– Siz ony haçandyr bir wagt şeýle ýagdaýda görüpmidiňiz? – diýip,
men ruhanydan we Kurtdan gyzyklanyp soradym.
– Ý-ýok – diýip, olar ýaýdanyp jogap berdiler. Olar özlerini görnetin
başgaça duýýardylar.
– Onda näme, bu ýerde gorkar ýaly zat ýok. Men beýle ýagdaýa
birnäçe gezek duş geldim – diýip, men aýtdym. Häzir biz muny azat
ederis, emma ondan öňürti size Hudaýa öz ýüregiňizi açmagyňyz gerek.
Bolmasa şeýtan ruhunyň size hem ýokuşmagy mümkin.
Men ruhany bilen birlikde 12-nji bölümde getirilýän doga meňzeş
dogany okamaga başladym. Haçan-da men Kurt bilen hem şeýle etmek
üçin oňa öwrülenimde, ol sandyramaga başlady.
– Kurt, seniň Hudaý bilen gatnaşyklaryň bolmalysy ýaly däl gerek?
Eger meniň aýdýanlarym dogry bolsa, saňa tizden günäňi geçmegini
soramagyňy maslahat berýärin.
Bu ýagdaýda Kurty köp yrmak gerek bolmady. Ol tizden öz günälerini
we Janel bilen öz arasyndaky söýgi gatnaşyklaryny boýnuna aldy. Meniň
maslahatym bilen ol bu gatnaşyklara nokat goýmaga söz berdi. Kurt
gürleýän wagty Janel edil öli ýaly doňup otyrdy. Onuň bolup geçýän
zatlara aňynyň ýetmeýändigi bellidi.
Kurt ikimiz doga okap bolanymyzdan soň, men oňa kagyzda çap edilen
dogany berdim. Ol okap başlan badyna Janel özüne geldi: haýbat atyjy
arlady we Kurtyň elindäki kagyzy goparyp aldy. Arwah bu duýdansyz
hereketi bilen gorkuzmaklyga synanyşdy we bizi özüniň aldawyna gider
diýip oýlady. Ilkibada bize hakykatdan hem gorkunç boldy, emma men
Janeldäki arwaha şeýle sözler bilen ýüzlendim:
– Mesihiň ady bilen we Onuň beren hökümdarlygy bilen saňa şu
oturgyçda gymyldamazdan oturmagy höküm edýärin.
Meniň Janel bilen bolan bu wakany wideoýazga almadygym meni
gaty ökündirdi, ýogsam men müňkür adamlara Hudaýyň emrine arwahyň
nähili boýun bolýandygyny görkezip bilerdim. Edil Janele köşeşdiriji
köýnek geýdirilip, oturgyja baglanan ýaly ýagdaý boldy. Ol bar güýji bilen
oturgyçda towlanmak bilen Hudaýyň güýjüni ýeňmek isleýärdi, emma
bu oňa başartmady. Onuň gözleri Kurta uly ýigrenç bilen seredýärdi,
emma ol görgüli gyzyň üstünden öz hökümdarlygyny ýitirýän şeýtanyň
gözleridi. Hakyky Janel Kurty söýýärdi we oňa durmuşa çykmakçydy.
Entek Kurt doga okaýarka, Janel oturgyçda urunmagyny dowam etdi.
Şondan soň men diýdim:
Ýalan pikirlere ynanmaň
119
– Reb, biz Saňa baglydygymyzy tassyk edýäris, sebäbi biz Sensiz hiç
zat edip bilmeris. Isa Mesihiň ady bilen we Onuň beren hökümdarlygynda
biz arwaha Janeli boşatmagyny we oňa Gökdäki Atasyna boýun
bolmaklyga ýol bermegini buýurýarys.
Şu sözlerden soň Janel tizden özüne geldi.
– Sen häzir özüňe näme bolandygyny bilýärmiň? – diýip, men ondan
soradym.
– Ýok, name, bir zat boldumy? – diýip, ol haýran galmaklyk bilen
sorady.
– Aladalanar ýaly zat ýok. Biz seniň Mesihde azat bolmak
prosedurasyny geçmegiňi isleýäris.
Bir sagatlardan soň Janel doly azat boldy.
Janele hökümdarlyk etmeklige şeýtanyň nahili hukugy bardy? Eger
onuň aldawyna gitmek bilen Janeliň özüniň ýol bermekligini hasaba
almasaň, hiç hili. Iblise Janeli onuň durmuşynyň manysynyň ýitendigini
ynandyrmak we oňa okkultizmi ornaşdyryp, ony ters ýola gönükdirmek
başardypdyr. Şeýlelik bilen, iblise ony özüne bakna edip goýmaklyk
başardypdyr. Janel edil aňsyz ýalydy. Emma Janel günälerini boýnuna
alyp, iblisden ýüz öwreninden soň, onuň üstünden iblisiň agalygy
gutardy. Janel indi azat boldy.
Biziň köpümiz üçin iblisiň töhmeti edil Janeliňki ýaly bolup
gutarmaýar. Emma iblise siziň durmuşyňyzyň Hudaý üçin gymmatynyň
ýokdugyna ynandyrmak başartsa, ol siziň mesihi netijeliligiňizi peselder.
Öz duýgularyňyzy synap görüň. Pikirleriňizi barlap görüň. Şeýtanyň
siz baradaky diýýänlerine ynanmaň: ol aldaýar. Hudaýyň aýdýanlaryna
ynanyň: ol sizi azat etjek hakykatdyr.
10
Daşky sypat ýalançy bolýar
Men San-Diýegonyň ybadathanalarynyň birinde Hudaýa agşamky gullu­
gymy tamamlan badyma, bir tanşymdan bolan haty getirdiler. Onda:
„Nil, seniň bir maşgala bilen gullukdan soň söhbetdeş bolmagyňy haýyş
edýän. Sen şuny edip bilermiň?“ Dyngysyz iki günlük çykyşlar meni
halys edipdi we öňde ýene ybadathana gelýänler bilen bir sagatlyk gürrüň­
deşlik meýilleşdirilipdi, emma men ol „maşgala“ biraz garaşsa söhbetdeş
bolmaklyga razylyk berdim.
Haçanda biz duşuşanymyzda, meniň garşymda Elis atly 26 ýaşly gyz
we onuň ata-enesi peýda boldular. Anyklanyp görülse, meniň tanşym
olary maňa sataşdyrmak üçin gulluga zorluk bilen diýen ýaly getiripdir.
Maşgaladakylaryň bary mesihidi, emma bir seredeniňden olaryň ähli
zadynyň ýerbe-ýer däldigini görmek bolýardy. Elis edil konslageriň adamy
ýaly gaty hordy. Anyklanyp görülse üç gün mundan öň ol işini ýitiripdir
we indi onuň gözlerinde doly göwnüçökgünligi görmek bolýardy.
Elisiň atasy maňa, gyzynyň çagalygynda aýbaşydan öňki sindromdan ejir
çekendigini, onuň diňe agyry aýyrýan zerdejiklerden peýdalanandygyny
aýtdy. Netijede gyz zerdejiklere öwrendekli bolup galypdyr. Emma
muňa seretmezden gyz köp gatnaşyklarda wepaly mesihi bolmaklygyna
galypdyr. Ol oňat okaýardy we ondan bir zatlara umyt bardy. Emma
barybir ol hemişe zerdejikleri iýýärdi we bir gezek gadagan edilen derman­
lary bikanun saklaýandygy sebäpli tussag edilipdi. Atasynyň gürrüňlerini
diňleýän wagtynda Elis atasy bilen ylalaşýandygyny bildirip: „Hawa, bu
dogry, men öz durmuşymy zaýaladym“ diýýän ýaly baş atýardy.
Men Elise tarap öwrülip, onuň elinden tutup soradym:
– Sen maňa aýt, sen özüňi kim hasap edýärsiň?
– Men şowsuz adam, menden hiç wagt oňly zat çykmaz – diýip, ol
zordan gözýaşlaryny saklamak bilen aýtdy.
Daşky sypat ýalançy bolýar
121
– Siz şowsuz adam däl – diýip, men garşy çykdym. Siz Hudaýyň çagasy.
Duşuşyk mundan beýläk şeýleräk gitdi: Elis öz-özüni kemsitmek bilen
boldy, men bolsa onuň sözlerinde bar bolan iblisden gelýän töhmete
garşy durdum. Wagt giç boldy, men gaty ýadadym, emma men näçe köp
gepledigimçe, Elisi halas edip bilýän Mesihiň bardygyny duýýardym. Biz
Elisiň göwnünde özüne nädogry gatnaşygy ornadan ruhy synaýardyk we
ol özüniň şeýtanyň pidasy bolandygyna ynandy.
– Siz, meniň öz-özüme erbet ruhlaryň täsirinde şeýle gatnaşykda
bolandygymy aýtmakçymy? – diýip, ol ahyrsoňy sorady.
– Edil şeýle, Elis – diýip, men jogap berdim. – Eger siz Mesihe
ynamda kimdigiňize göz ýetirseňiz, onda siz ýalanyň gandalyndan sypyp
bilersiňiz.
Ýene iki hepdeden Elis ruhy taýdan ösmegiň üç aýlyk kursuna
ýazyldy. Kursuň ahyrynda ol iblisiň töhmetiniň gowşak pidasy bolup
galmazlyk üçin teklipleri öňe sürmäge başlady. Oňa iş tapmak we tutuş
12 kilogram semremek başartdy. Şu günki gün ol doly azat.
Täze Ähtiň esasy temasy – biziň Mesihe ynamda eýe bolýan ýalkanyş
almagymyzdyr. Ine, hoş habar: Mesih – sizde, siz bolsa – Mesihde.
Eger Täze Ähtde esasy „erbet“ tema bar bolsa, onda ol tema – iblisiň
ýalany. Men size Täze Ähtde „ýalan“, „töhmet“, „aldawçylyk“ ýaly
sözleriň näçe ýygylykda gaýtalanýandygyna doly ynanmagyňyz üçin, giň
simfoniýada işlemekligi maslahat berýärin. Siz bu dünýäde iblisiň bar
hereketiniň ýalana we töhmete syrygýandygyna göz ýetirersiňiz.
Sizi Hudaýyň hakykatyndan daşlaşdyrmaga synanyşmak üçin iblisiň
azyndan üç usuly bar: öz-özüňi aldamak, ýalan pygamberler ýa-da ýalan
mugallymlar we ýalan ruh. Özüňize ten höweslerini salmazlygyňyz üçin,
her gün ruhy ýaraglanmak bilen goranmagyňyz gerek.
Ö züňizi aldatmaň
Mesihiler öz-özüňi aldamaklyga düşüp bilermi? Hawa, bu bolup bilýän
zat. Biz Mukaddes Ýazgyda mesihileriň ýolugyp biljek özüňi aldatmalaryň
birnäçe görnüşine göz ýetirýäris.
Ýöne diňe özüni aldaýan diňleýji däl-de, Sözi ýerine ýetiriji boluň
(Ýakup 1:22; 1 Pet. 1:13). Häzirki döwürde köp sanly amerikaly
wagyzçy­
laryň günä etmezligi wagyz edip, özleriniň bolsa günä
122
Gandaly döwýänçi
edýändikleri belli boldy. Bütin ýurda belli bolan mesihi işgärleri,
ahlaksyzlygy hyjuwly ýazgarsalar hem, özleri ters durmuş ýörelgesini
alyp barýarlar. Kim Hudaýyň Sözüni wagyz edýän bolsa, şonuň
hem ony durmuşa geçirmegi gerek. Wagyz etmeklige taýýarlanýan
wagtymyzda, biziň Rebbiň öňünde baş egip soramagymyz gerek: men
Seniň Sözüň buýruşy ýaly ýaşaýanmy? Eger ters jogap bolsa, onda bize
köpçüligiň öňünde boýun almagymyz gerek: „Men özümi mysal etmeli,
emma entek maňa biraz üýtgemeklik gerek“.Özüň aýdyň durmuş
ýörelgesinden ýöremän, emma welin, oňa ynandyrmakçy bolmaklyk,
bu ýalana gatnaşmakdyr.
Sözi diňläp, oňa eýermeýänler hem aldanýarlar. Oňat wagzy diňläp
ýa-da oňat sapaga gatnaşyp, biz öwrenenlerimizi özümizde ornaşdyrjak
bolman, eýsem ony başgalara öwretmeklige alňasaýarys. Resul Ýakup
Sözi diňläp, oňa eýermeýänler öz-özüni aldaýarlar diýýär. (1:22).
Näme üçin öz durmuşyňyň mesihi talaplaryna dogry gelmeýändigini
boýnuňa almak şeýle kyn? Meniň pikirimçe bu käbir derejede, biziň
köpümiziň kämillige çakdan aşa okgunlydygymyz üçindir öýdýärin.
Biz özümiziň aňrybaş nusga bolmaklygymyza ymtylmak bilen, bize
entek diňe ösmegiň gerekdigini unudýarys. Daş-töweregimizdäkileriň
biziň kämillik ýolundaky adaty adamlardygymyzy görmekleri gerek.
Olaryň biziň ýeňşi hem, şowsuzlygy hem kabul edip bilýändigimizi
görmekleri gerek. Hudaýa we mesihilere gatnaşyklarda aýdyňlygy
görkezmek bilen, biz öz-özüňi aldamaklyga sezewar bolmak howpuny
peseldýäris.
Günämiz ýokdur diýsek, onda biz özümizi aldaýandyrys, bizde
hakykat ýokdur (1 Ýahýa 1:8). Mukaddes Ýazgyda biz günäli diýip
görkezilmeýär; ol ýerde höweslere boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli
teniňizde günä höküm sürmesin diýilýär (Rim. 6:12). Biz günäsiz
mukaddesler däl; biz käwagt günä edýän mukaddesler. Öz haçyňy her
gün göterip, şowsuzlygyňy boýnuňa almak örän wajypdyr. Eger biz
özümizde bolmalysyndan tapawut görsek, onda ony tizden ýok etmek
bilen bolmaly. Günäni bar diýip hasap etmeýän adam, öz-özüni aldaýar.
Oňa öňde uly betbagtçylyk garaşýar.
Seýsmiki taýdan durnuksyz etraplarda ýaşaýan adamlar, gowşak
ýer titremeleriniň (Rihteriň ölçeginde 4 bala deň bolanynda) gorkuly
däldigini bilýärler; güýçli ýer titremäniň bolýan ýerine düşmek howply.
Daşky sypat ýalançy bolýar
123
Ýeňiljek ýer titremeler ýeriň ýokarky gatlagyndan „buglaryň çykyp“,
güýçli ýer titremä ýol bermejekdigi bilen rahatlandyryjydyr. Güýçli ýer
titremäniň bolmak howpy, haçanda birnäçe aýlarda ýa hatda ýyllarda hiç
hili tektoniki işjeňlik bolmadyk ýagdaýynda güýçlüdir.
Öz-özüňiň we Hudaýyň öňünde açyklyk, günäleriňi bilmek we olara
garşy göreşmeklik – ine, şular bize ruhy heläkçilikden gaça durmakda
kömek edýär. Eger biz özümizi günäsiz diýýän bolsak ýa-da adamlaryň
öňünde günämizi boýnumyza almasak, onda güýçli ýer titremäniň
başlandygydyr. Şol sebäpli hem biz saglygymyzy, maşgalamyzy, işimizi
we dostlarymyzy ýitirip bileris… Toba edilmedik günä edil göwrede
dörän howply çişiň bütin göwräni zaýalap bilşi ýalydyr.
Men özüme berlen merhemet arkaly siziň hemmäňize diýýärin: özüňiz
hakynda gereginden artyk oýlanman, Hudaýyň her kime beren
imanynyň möçberine görä, salykatlylyk bilen oýlanyň (Rim. 12:3;
Gal. 6:3). Hudaýyň Sözi bize özümiz barada ýokary pikirde bolmaklygy
gadagan edýär.
„Emma men Hudaýyň çagasydyryn – diýersiňiz. – Men gökde Mesih
bilen bile ýerleşýärin. Mundan başga-da men Onuň bilen ähli zady
başararyn. Bu eýýäm nämedir bir zady aňladýar ahyry!“ Ýöne ýatdan
çykarmaň, bulary özüňiz däl-de, Hudaýyň merhemeti bilen gazanandygyňyz
gürrüňsizdir (1 Kor. 15:10). Siziň eýe bolan durmuşynyz hem, bar
zadyňyz hem – siziň gazananlaryňyz däl-de, Hudaýyň merhemeti. Hiç
wagt Hudaýa degişli bolan zady öz eýeçiligiňize geçirjek bolmaň. Gowusy
Hudaýy şöhratlandyrýan işleri ýerine ýetirmekden lezzet alyň.
„Hiç kim özüni aldamasyn. Siziň araňyzdan biri şu dünýäde özüni
akyldar saýýan bolsa, onda ol akyldar bolmak üçin akmak bolsun.
Çünki bu dünýäniň akyldarlygy Hudaýyň ýanynda akmaklykdyr, sebäbi:
«Ol akyldarlary öz hilelerinde tutýandyr» diýip ýazylgydyr.“ (1 Kor.
3:18, 19). Gödekligiň iň depesi – özüňi akylly saýyp, Hudaýa boýun
bolmazlykdyr (Rim 1:22). Biz köplenç öz güýjümiz bilen arwahy ýeňeris
diýen ters düşünjä eýerýäris. Emma biz onuň hilegärligini Hudaýsyz
ýeňip bilmeris; has beteri şol synaglar bizi hakykatdan daş düşürer.
Dogrusy iblis Hudaýa garşy durup bilmez. Biz özbaşdak bolmagy
öwrenmeli, emma munda biz Mesihe meňzejek bolmaly we ähli zatda
Hudaýa gulluk etmeli (Süleý. pähimleri 3:5, 6; 1 Kor. 2:16).
124
Gandaly döwýänçi
Kimdir biri özüni dindar saýyp, dilini saklaman, göwnüni aldaýan
bolsa, onuň dindarlygy biderekdir (Ýakup 1:26). Biziň adamlaryň
göwnüne nähak degýän sözlerimiz ýaly hiç zat Hudaýy öýkeletmeýär.
Ugrukdyrmakda bizi diňleýän adam merhemete golaýlaşýandyr. Eger
siz öz diliňizi ýygnap bilmeýän bolsaňyz, onda aldanmaň; siz entek
kämillikden daşdasyňyz.
Aldanmaň, Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir! Adam näme ekse, şony
orar (Gal. 6:7). Käwagt bize özümiziň mesihidigimiz üçin bu düzgün
degişli däl ýaly görünýär. Bu beýle däl. Bize öz sözümiziň, pikirlerimiziň
we işimiziň soňy bilen çaknyşyk garaşýar.
Eger biz Hudaýyň Patyşalygyny adalatsyzlar miras alar öýtsek
ýalňyşýarys (1 Kor. 6:9, 10). Biziň ybadathanamyza gatnaýan Keýt atly
ýaş zenan, ýüzi aladaly görnüşde meniň ýanyma, iş otagyma geldi. Ol
edil şu wagt özüniň uly aýal doganynyň öz jynsyndan bolanlar bilen jyns
gatnaşygynda bolýandygyny bilipdir.
– Meniň nahili ýaşaýandygymyň hiç hili ähmiýeti ýok. Hudaý meni
söýýär we men ömürlik bagyşlanan – diýip, aýal dogany aýdypdyr.
Bu sözler Keýti utanmaga we meniň ýanyma gelmäge mejbur edipdir.
Men Korintoslylara haty açyp, 6-njy baby okadym: „… Aldanmaň,
Hudaýyň Patyşalygyny ne ahlaksyzlar, ne butparazlar, ne zynahorlar, ne
gomoseksuallar, ne beçebazlar, ne ogrular, ne açgözler, ne arakkeşler, ne
agzy paýyşlar, ne-de talaňçylar miras alar“ (1 Kor. 6:9, 10). Edil Keýtiň aýal
doganyna meňzäp, köp adamlar ýönekeý bir hakykata düşünmeýärler; erjel
günä Hudaýyň öňünde ýalkanyşsyzlygy aňladýar. Men halas bolmaklyk iş
boýunça berilýär diýmekçi däl, emma hakyky mesihi öz berýän miwesi
boýunça tanalýar. Eger hereketleriňiz mesihi derejesine dogry gelmese
hem bolar diýip çaklaýan bolsaňyz, onda düýbünden ýalňyşýarsynyz.
Eger biz ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozmaýar öýdüp pikir etsek
ýalňyşýarys (1 Kor. 15:33). Ýaş, ýaňy mesihilige başlan wagtymda
maňa Täze Orleandan bolan wagyzçyny diňlemek diýseň ýaraýardy.
Onuň „Burbon-stritden bolan wagyzçy“ diýen lakamy bardy we ol bu
lakamy azgyn aýallaryň ýaşaýan etrabynda gulluk edýändigi üçin alypdy.
Korintoslylara hatda bolsa, bolgusyzlaryň jemgyýetinde köp ýaşalsa, bu
azmaklyga getirýär diýilýärdi (15:33). Täze Orleanly mesihiňki hem edil
şeýle boldy, ol ahyr soňunda öz gullugyndan dändi.
Daşky sypat ýalançy bolýar
125
Bu azgynlara wagyz etmek gerek däldigini aňladýarmy? Ýok, biz
olara Mesih barada gürrüň bermeli. Emma biz diňe olar bilen gatnaşykda
bolsak, onda öz gullugymyza hem, ahlagymyza hem zyýan ederis.
Ýalan pygamberlerden we ýalan mugallymlardan gaça duruň
Ýaňy-ýakynda maňa 35–40 ýaşlaryndaky Elwin atly bir adam ýüz
tutdy. Ol birnäçe ýylyň dowamynda özünde pygamberlik ukyby bar
diýip hasap edipdir. Ol köp ybadathanalara çagyryldy we ol ýerlerde
„Hudaýyň adyndan“ çykyş etdi. Emma Elwine duýdansyz bir zatlar
boldy we birnäçe aýyň dowamynda ol düýpden üýtgedi. Onuň adamlar
bilen sözleşmegi kynlaşdy. Onuň maňa ýüz tutan wagtynda ol eýýäm
iki ýyl bäri işsiz bolup, öz atasynyň garamagyndady we däri-derman içip
gün görýärdi.
Men Elwine Selaniklilere birinji hatdan bölek okap berdim: „Ruhy
söndürmäň. Pygamberlik sözlerini äsgermezlik etmäň. Her zady synap
görüň. Gowy zady gaýym saklaň“ (5:19‑21). Şondan soň men oňa şeýle
sözler bilen ýüzlendim:
– Elwin, men pygamberlige garşy däl. Ol ruhy zehin. Emma iblis
zehini „ýöntemleşdirmeklige“ ukyply. Edil şonuň üçin hem Mukaddes
Ýazgy ähli edýän işlerimizi synamaklygy buýurýar.
Ýalan pygamberler we ýalan halypalar baradaky uzak dowam eden
gürrüňlerden soň Elwin boýun almaly boldy:
Meniň ähli betbagtçylyklarym haçanda men özümiň pygamberleriň
dilinde gepläp bilmek „zehinimi“ synap bilmedigim bilen başlandy öýdýän.
Men özüm hem ýalňyşypdyryn, başgalary hem ýalňyşdyrypdyryn.
Belki, seniň dillerde sözläp bilmek ukybyňy synarys – diýip Elwine
teklip etdim we ony onuň synaga özüniň däl-de, ruhunyň gatnaşjakdygyna
ynandyrdym.
Elwiniň tüýs ýürekden ýalançylykdan azat bolasy gelýärdi we ol muňa
razylaşdy.
Men ondan „ruhy dilde“ sesli doga okamaklyga başlamaklygy teklip
etdim. Haçanda ol düşnüksiz harplary aýtmaga başlanda men:
– Mesihiň ady bilen we Hudaýyň Sözüne laýyklykda, ruh, men seniň
özüňi tanatmagyňy buýurýaryn – diýdim.
Elwin doga okamagyny bes etdi we şeýle diýdi:
– Men şol.
126
Gandaly döwýänçi
Ruhlar bilen täzeräk işleýänleriň biri belki, Mukaddes Ruhuň Özi bilen
gürleşýärin diýip pikir ederdi. Men bolsa synagy dowam etdim:
– Sen şol Ponti Pilatyň döwründe çüýlenen, jaýlanan we üçülenji güni
direlen we Gökdäki Atanyň sag elinde oturanmy?
Elwin tas gygyryp diýen ýaly jogap berdi:
– Ýok! Ol däl!
Şondan soň biz iblisden ýüz öwürmegiň dogasyny okadyk we şol
günden soň Elwin özüne ejir berýän ýalandan halas boldy.
Men ruhy zehine, hatda pygamberlige hem garşy däl, sebäbi
Mukaddes Ýazgyda aýdylýar: „… pygamberlik etmäge yhlas ediň, başga
dillerde geplemegi-de gadagan etmäň“ (1 Kor. 14:39). Emma Ýazgyda
ähli ruhy zatlar hökmany barlanylmaly diýip aýdylýar. Biziň günlerimizde
ýalan pygamberleriň we ýalan mugallymlaryň gülläp ösmeginiň ýene bir
sebäbi, bu ýönekeý hakykata ynanmazlyk etmekden başlanýar.
Hakyky we ýasama
Köne Ähtiň hakyky pygamberleri belli bir derejede hoş habarçydylar: olar
halky Hudaýa we Onuň Sözüne gaýtaryp getirmeklige çalyşýardylar.
Ýalkanyşa çagyryş ine, ýalan pygamberlerden hakykyny tapawutlandyrýan
ugurdyr. Ine, Ýermiýa şeýle ýazýar: „Goşunlar Rebbi şeýle diýýär: size
pygamberlik edýän pygamberleriň sözlerini diňlemäň, olar size biderek
zatlar öwredip, Rebbiň agzyndan çykany däl-de, öz ýürekleriniň hyýalyny
aýdýarlar… Bu pygamberleri Men ýollamadym, özleri ylgadylar, olar
bilen gepleşmedim, özleri pygamberlik etdiler. Eger Meniň maslahatymda
durup, halkyma sözümi eşitdiren bolsalardy, onda olary ýaman ýollaryndan
we işlerinden döndererdiler“ (Ýer. 23:16, 21, 22). Eger size adamlary
ýalkanyşa çagyrmaýan pygamber duş gelse, onda onuň hakyky däl-de,
„ýasamadygy“ anykdyr.
Ýermiýanyň üsti bilen Reb hakykydan ýalan pygamberi tapawutlan­
dyrmagyň ýene bir ugruny berýär: „Meniň adym bilen ýalandan
pygamberlik edýän pygamberleriň: «düýş gördüm, düýş gördüm» diýişlerini
eşitdim. Düýş gören pygamber düýşüni aýtsyn: Kimde Meniň sözüm bar
bolsa, sözümi dogruçyllyk bilen beýan etsin. Samanyň bugdaý bilen näme
işi bar?“ (25, 28 aýatlar). Hudaý adamlara öz düýşüni Hudaýyň Sözünden
ýokarda goýýan pygamberlerden habardar bolmagy ündeýär.
Hudaý düýşleriň ähmiýetini ret etmeýär; Onuň Özi adamlar bilen
birnäçe gezek düýşde gürrüňdeş boldy. Emma Ol Öz Sözüni arassa
Daşky sypat ýalançy bolýar
127
däne bilen, düýşleri bolsa samana deňeýär. Biz Hudaýyň Sözünde
ýazylan zatlara ilki bilen eýermelidiris we düýşlere düşündiriş hökmünde
ulanmalydyrys. Düýşleri Mukaddes Ýazgydaka tersine däl-de, oňa
laýyklykda bahalandyrmalydyrys.
Ýeremiýa sözüni dowam edýär: „Meniň sözüm ot kimin, Reb diýýär,
gaýany bölek-bölek edýän tokmak kimin dälmi?“ (23:29). Eger mesihi
ýygnagynda pygamberlik perdesi bilen şeýle sözler aýdylsa: „Çagalar,
Men sizi söýýän“ ýa-da „Men basym gelerin“, onda bu sözler gumansyz
şübhelidir. Bu sözler hakykat. Emma bu sözler Injilde çap edilen
ýagdaýda Hudaý olary näme üçin aýtsyn? Maňa şeýle sözleri köpleriň
günäde ýaşaýan ybadathanasynda eşitmeklik miýesser boldy. Bu diňe
günälileriň ynsabyny köşeşdirýär.
Pygamberiň sözi oda we tokmaga meňzeş bolmaly: pygamberiň sözi
günäliniň üstüni örtmän, adamlary dogrulyk ýoluna salmalydyr (1 Pet.
4:17). Hudaýa ybadathananyň köp bolanyndan arassa bolmagy wajyp.
Hakyky asudalyk kim öz dogruçyllygy, takwalygy üçin yzarlanýan bolsa,
kim Sözüň kömegi bilen günälerden we ulumsylykdan gutulýan bolsa,
şoňa gelýär.
Ine, öz sözüni Hudaýyň Sözi edip görkezjek bolýanlar barada
Ýermiýa näme diýýär: „Munuň üçin, Reb diýýär, Men sözümi biribirilerinden ogurlaýan pygamberlere garşydyryn. Reb diýýär: ine, Men
öz dillerini gepledip-de: «Ol diýdi» diýýän pygamberlere garşydyryn“
(23:30;31).
Şahsy sözüňi Hudaýyň Sözi diýip görkezmek – Hudaýy gaty
öýkeletmekdir. Size haçandyr bir wagt: „Hudaý maňa size aýtmagy
buýurdy…?“ diýýänler duşdumy? Men şeýle adamlara: „Ýok, size
muny Hudaý aýtmady. Eger Ol bir zatlar aýtmakçy bolsa, ol muny
siziň üstüňiz bilen däl-de, ýüzüme aýdardy“ diýýärin. Men mesihileriň
mukaddesligine ynanýaryn. Elbetde, Hudaý bizi başga adamlaryň
üsti bilen ruhlandyrýar we gönükdirýär, emma durmuşa we ynama
degişlilikdäki soraglara gezek gelende Timoteosa birinji hatdaky sözlere
ýüzlenmegi halaýaryn: „Çünki Hudaý birdir. Hudaý bilen adam arasynda
durýan ýeke-täk Töwellaçy bardyr. Ol hem ynsan bolan… Mesih Isadyr“
(2:5). Eger kimdir biri size: „Hudaý maňa size aýtmagy buýurdy…“
diýen sözler bilen ýüzlense, onda ol adam ýalan pygamber hökmünde
hereket edýär.
128
Gandaly döwýänçi
A lamatlar we täsinlikler: nobatdaky synagmy?
Siz, belki, ýalan pygamberi onuň aýdýanlarynyň köpüsiniň ýalandygy bilen
subut edip bolýandygy barada eşidensiňiz. Kanun Taglymaty kitabynda
aýdanlary hasyl bolmaýan pygambere ynanmak bolmaýandygy aýdylýar
(18:22). Emma edil şol Kanun Taglymaty 13:1‑3-de aýdýan alamatlary
we täsinlikleri hasyl bolýan pygamberler barada hem aýdylýar: „Eger
araňyzdan pygamberler ýa-da düýş ýorujylar peýda bolup, alamat ýa-da
mugjyza görkezseler, ol alamat ýa-da mugjyza ýerine düşse we olar
size: «Geliň, keseki hudaýlaryň yzyna eýereliň, olara sygynyp gulluk
edeliň» diýseler, siz ol pygamberleriň ýa-da düýş ýorujylaryň gepine
gulak asmaň. Çünki Hudaýyňyz Reb, hakykatdan hem, Özüni tutuş
ýüregiňiz we janyňyz-teniňiz bilen söýýändigiňizi ýa-da söýmeýändigiňizi
bilmek üçin sizi synap görýär“ (Şeýle hem Markus 24:4‑11; 23‑25;
Ylham 13:11‑14 seret).
Köp sanly mesihiler ýerine ýetirilen täsinlikler Hudaýyň ony ýerine
ýetireniň tarapyndadygynyň subutnamasy diýip oýlanmagy halaýarlar.
Hudaý hakykatdan hem Öz Sözüni tassyklamak bilen täsinlikleri
ýerine ýetirýär, emma Injil duýdurýar: „Çünki ýalan mesihler, ýalan
pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup,
alamatlar, mugjyzalar görkezer“ (Markus 13:22). Şeýtan hem alamat
berip we täsinlikler edip biler: onuň maksady – bizi Hudaýa däl-de,
özüne boýun etmek. Kanun Taglymaty 13:5-6-11-de iblisiň işini Hudaýa
ýöntemekligiň nähili çynlakaý soňunyň bolýandygy aýdylýar. Muny
ýerine ýetiren adamlary, olaryň maşgala agzasydygyna seretmezden
ýok edýärler. Biz Hudaýy söýmeli; Onuň Sözüne boýun bolmaly, ähli
alamatlary, täsinlikleri we düýşleri synap görmeli.
Ybadathana aralaşan ýalan
„Ýalan pygamber“ we „ýalan mugallym“ sözleri eşidenimizde biz kim
barada pikir edýäris? Köpler gürrüň ilki bilen gündogar mistikasy we
gurular, din we okkult praktikasy barada gidýär diýip hasaplaýarlar. Bir
söz bilen aýdanymyzda, mesihi ybadathanasyndan daşardakylar diýip
hasaplanylýar. Emma muňa garamazdan resul Petrus öz hatlarynyň
birinde tutuş bölümi ybadathananyň öz içindäki ýalan mygallymlara we
pygamberlere bagyşlaýar: „Halk arasynda ýalan pygamberleriň bolşy
ýaly, siziň araňyzda-da ýalan mugallymlar bolar. Olar heläkleýji, bozuk
Daşky sypat ýalançy bolýar
129
taglymatlar girizmek bilen, özlerini satyn alan Baýary-da inkär edip,
öz başlaryna tiz bela getirerler“ (2 Pet. 2:1). Şeýle adamlar häzirki
wagtda biziň ybadathanamyzda ýalkanyşyň tarapdary hökmünde çykyş
edýärler. Ilki bilen ýalan mugallymlaryň aldawynyň olaryň ylmynda
jemlenmeýändigine üns beriň: „Köp adamlar olaryň azgynçylygyna
eýerer, olar sebäpli hakykat ýoluna dil ýetiriler“ (2‑aýat). Ýalan
mugallymlaryň „azgynlygy“ barada aýdanynda, resul nämäni göz öňünde
tutýar? Meniň göwnüme bolmasa, ol gulluk etmegiň gullukçynyň daşky
keşbi we ýakymlylygy boýunça bahalandyrylýan ýagdaýyny göz öňünde
tutýar. Biz: „Ol şeýle mylaýym ýigit“, „Ol şeýle harizmatik şahs“, „Ol
ajaýyp, dilewar“, „Ol şeýle aýdyň aýal“ diýýäris, emma fiziki ýakymlylyk
Mesihiň gullukçysynyň bahasymy? Elbetde, ýok. Baha bermek üçin
diňe iki ölçeg bar: hakykaty bilmeklik we dogruçyl (takwa) bolmaklyk.
Daşky keşbe üns berýänler „hakykatyň ýoluny hapalaýandyrlar“.
Petrus şondan soň ybadathananyň ýalan pygamberlerini we ýalan
mugallymlaryny ýüze çykarmagyň iki usulyny suratlandyrýar. Birinjiden, ol
adamlar „ten höwesiniň ýaramazlyklarynyň yzy“ bilen gidip, ahlaksyzlyga
ýykgyn ederler (10‑aýat). Aýratyn hem bu jynsy azgynlygy we baýlyga
kowalaşmagy aňladýar. Şeýle adamlar, kanuna dogry gelmek hökman däl
diýen pikire uýmak bilen, Hudaýyň çäksiz söýgüsine dalaş ederler. Olaryň
ahlaksyzlygy gizlindir, emma ol irde-giçde äşgär bolar (2 Kor. 11:15).
Ikinjiden, ýalan pygamberler we ýalan mugallymlar „ýolbaşçylary
ýigrenýärler, olar gödek, öz erklidirler“ (2 Pet. 2:10). Olar garaşsyz
ruha eýedirler. Olar öz işlerini edýärler we hiç kime hasabat bermek
islemeýärler. Şeýle adamlar ybadathana ýolbaşçylaryna boýun bolmak
islemeýärler ýa-da näme etseler hem, özlerini goldajak adamlary tapýarlar.
Biz Mukaddes Ýazgydan ýolbaşçylaryň birnäçe taryhy görnüşlerini
bilýäris: pygamberler (wagyzçylar we mugallymlar), ruhanylar (ruhy
çopanlar) we patyşalar (administratiw ýolbaşçylar). Diňe günäsiz we
kämil Mesih bu rollaryň hemmesini Özünde jemläp bildi. Men ybadathana
ýolbaşçylarynyň işi ýaşulularyň garaşsyz maslahaty tarapyndan gözegçilige
alynmaly diýip hasap edýärin, sebäbi hiç bir adam çäksiz häkimligiň özüne
çekijiliginiň öňünde durup bilmeýär. Ybadathanada görnükli orun tutýan
hakyky mesihi, maslahatyň kararyna boýun bolmaklyga hemişe taýýar
bolmaly, sebäbi maslahat başga ruhy taýdan kämil mesihilerden düzülýär.
Eger siziň barýan ybadathanaňyzdaky ruhanynyň öz üstünden gözegçiligi
ýok bolsa we onuň ruhy çopançylyk bilen işi bolman, oňa gulluk etmeýän
bolsa, gowusy ol ybadathanany taşlaň.
130
Gandaly döwýänçi
Azaşdyryjy ruhlardan ägä boluň
Mukaddes Ýazgy bize diňe bir öz-özüňi aldamaklyga we ýalan mugallymlara
we ýalan pygamberlere garşy durmaga däl, eýsem azaşdyryjy ruhlara
hem garşy durmaga çagyrýar. Bu ruhlar şeýtanyň täsiri bilen özlerine
çekýärler. Pawlus Timoteosa şeýle ýazýar: „Ruh nygtap aýdýar: soňky
wagtlarda käbir adamlar imandan däner. … aldawçy ruhlara, jynlaryň
taglymatlaryna gulak asar“ (1 Tim. 4:1). Resul Ýahýa bize öz wagtynda
iblisi paş etmek üçin, ruhlary synap görmekligi (1 Ýahýa 2:18), şeýle
hem hakyky Ruhy ýalan ruhdan tapawutlandyrmaklygy duýdurýar
(4:1‑6). Iblisiň güýçleri siziň aňyňyzy, size hakykat boýunça hereket
etmäge päsgel berjek ruhlardan doldurmaga çalyşýar. Hanna Uaýtholl
Smit şeýle ýazýar:
Gaharyň sesi we azaşdyryjy ruhlar her bir ruhy durmuşyň
ýokary derejesine düşeni öz toruna salmaga dalaşýarlar. Biziň
Mesihde Gökde ýer tutýandygymyz aýdylan hatda biziň ruhy
duşmanlarymyz bilen söweşiň hem garaşylýandygy aýdylýar.
Biziň ruhy duşmanlarymyz, olar kim ýa näme bolanynda hem,
biziň bilen edil Hudaýyň edişi ýaly, ruhlar arkaly sözleşýärler.
Şeýlelikde, biziň edil Hudaýyň merhemetini Mukaddes Ruhuň
üsti bilen bilşimiz ýaly, erbet ruhlar hem bize öz atlaryny
ýatlatmazdan, öz erkini aňladyp biler.1
Iblisiň ýalan hasiýeti sebäpli onuň sesini Mukaddes Ruhuň sesinden
ýönekeý usullar bilen tapawutlandyrmak aňsat däl. Men aşakda
azaşdyryjy-ruhlardan goranmagyň okamaly dogasyny bermekçi:
„Gökdäki Atamyz, men özümi tutuşlygyma Seniň erkiňe
berýärin. Eger-de men haýsydyr bir zatda ýalňyşsam, Saňa
ýalbarýaryn, meniň gözlerimi aç we maňa öz ýalňyşlyklarymy
görmäge mümkinçilik ber. Reb Isa Mesihiň ady bilen men ähli
azaşdyryjy-ruhlara yza çekilmekligi buýurýaryn. Men ähli ýalan
ruhy eçilmelerden ýüz öwürýärin. Eger ol eçilenler Senden bolsa
olary we olaryň üsti bilen ybadathanany berkit. Omyn“.
Daşky sypat ýalançy bolýar
Ýalany nädip bilmeli
131
Mesihi ybadathanalarynda ruhlary tapawutlandyrmak düýbünden
unudylan. Emma hakykatda welin, şeýle ýarag töhmete garşy ilkinji
bolup ulanylmaly. Ruhlary tapawutlandyrmagy ähli zadyň ýerbe-ýer
däldigini duýdurýan öz içki sesiň bilen deňemek bolar. Özüňiziň kimdir
biriniň öýüne gelşiňizi, ol ýerde daşyndan göräýmäge onçakly bildirip
hem barmaýan, emma agyr, basyp alyp barýan atmosferany göz öňüne
getiriň. Şol hem ruhy tapawutdyr.
Ruhlaryň tapawutlanmasy näme? Muňa düşünmek üçin bu ukybyň
haýsy maksat bilen berilýändigine düşünmeli. Birinji patyşalyklar
kitabynyň 3-nji bölüminden biz Süleýman patyşanyň Hudaýa haýyş
bilen ýüzlenişini bilýäris. Haçanda Hudaý Süleýman patyşanyň düýşüne
girip, onuň islegini soranynda, ol şeýle diýdi: „Şonuň üçinem halkyňy
dolandyrar ýaly, ýagşy-ýamany saýgarar ýaly, Sen Öz guluňa pähimpaýhas ber, çünki kim Seniň san-sajaksyz halkyňy dolandyryp biler?“
(9‑aýat). Hudaý oňa şeýle diýdi: „Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän
ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar
ýaly, akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men
saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup
bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin“ (11, 12‑aýatlar).
Ruhlary tapawutlandyrmak başarnygy, onuň kömegi bilen öz-özüňi
beýgeltmek, baýamak, duşmanyň hem bolsa, biriniň üstünde agalyk
etmekde däl. „Tapawutlandyrmak“ sözüniň grek dilindäki esasynda
(grek „diakrino“) ýöne seljermekligi we baha bermekligi aňladýar.
Tapawutlandyrmak başarnygy diňe bir maksat: adamyň erbetlikden
oňatlygy tapawutlandyryp bilmekligi üçin berilýär. Şonda ýagşylygy
köpeldip bolýar, erbetligi bolsa köki damary bilen ýok edip bolýar.
Korintoslylara Birinji hata laýyklykda ruhlary tapawutlandyrmaklyk
bu ýagşylyk ruhuny erbetlik ruhundan tapawutlandyrmak üçin Hudaý
tarapyndan berilýän başarnykdyr. Bu Mukaddes Ruhuň ybadathanany
ösdürmek üçin beren peşgeşleriniň biridir.
Ruhlary tapawutlandyrmak – bu biziň aňymyzyň başarnygy däldir,
bu Mukaddes Ruhdan biziň ruhumyza geçýän başarnyk. Haçanda
Ruh galagoplulyk ýagdaýyny berende, siziň obýektiw duýduryşlara
endik eden aňyňyzyň, onuň sebäplerine göz ýetirip bilmezligi mümkin.
Ondan hem başga, eger-de berlen duýduryşy obýektiw bahalandyrmaga
çalşylanda, onda onuň sebäbiniň ýanyndan sowlup geçmek bolar. Eger
132
Gandaly döwýänçi
siz nämäniňdir bir zadyň göwnejaý däldigini duýan badyňyza oturanlara
göni aýdyň: „Meniň göwnüme bolmasa, ähli zat bolmalysy ýaly däl.
Geliň, Hudaýdan ýagdaýy anyklaşdyrmagyny soralyň“. Şondan soň
Hudaý siziň düşünişmezligiňizi çözsün.
Adamlara maslahat berýän wagtlarymda, men birnäçe gezek
düşnüksiz aladalary başdan geçirdim we meniň göwnüme çözülýän
meseläniň esasy açyk däl bolup göründi. Emma men bu barada şol
wagtyň özünde aýtman, öz duýgularymy barlap görýärin. Eger men öz
maslahat berýän adamymyň gomoseksuallygyň torundadygyny aňsam,
şeýle soramaýaryn: „Siz gomoseksualist, şeýle gerek?“ Muňa derek,
men oňaýly ýagdaýda öz duýgularymy barlaýaryn we giriş soragyny
şeýleräk berýärin: „Siziň hiç wagt öz jynsyňyzdan bolan adamlara jyns
höwesiňiziň garşysyna göreşesiňiz gelmeýärmi?“ Eger meniň ruhumyň
duýgulary müşderiniňki bilen gabat gelse, onda mesele ýüze çykýar we
şondan soň onuň bilen işlemek bolar. Azat bolmaklyk başdan geçýär.
Ruhlary ýalňyş tapawutlandyrmaklyk iblisden gelip çykýar, ol
ybadathanany galkyndyrmakdan däl-de, öz-özüňi galdyrmakdan gelip
çykýar. Oňa eýe bolan adam ony öz umumy maksatlarynda peýdalanýar.
Menden kömek sorap ýüz tutan Leýna atly talyp gyz edil şeýle ýalan
tapawutlandyrmadan ejir çekýärdi. Köp meselede kynçylyk çekýändigi
sebäpli ol öň başga bir maslahatça ýüz tutupdy. Maňa ýüzlenip geleninde
ol biziň talyplar şäherçämizde kimiň neşe çekýändigini ýa-da azgyn zyna
gatnaşyklaryny edýändigini ýalňyşmazdan aýdyp biljekdigini aýtdy. Onuň
bu bilimleri „duýgulara“ esaslanandy we men onuň köp ýagdaýlarda
dogrudygyny aýdyp biljek. Leýna özünde Hudaýdan berlen başarnyk bar
diýip pikir edýärdi; emma ol maňa özüniň öňki maslahatçysyny özüniň
onuň etjek hereketlerini öňünden aýdyp bilmegi bilen aljyraňňylyga
salandygyny aýtdy.
– Size adamlaryň üstünden ygtyýarlyk etmek ýaraýar gerek, Leýna?
– diýip, men soradym.
Men onuň ýalan ruhunyň üstüni açanymda, ol meniň iş otagymda şeýle
bir ýigrenji oýny görkezdi. Biz ony Leýnadan özümize berlen ygtyýarlyk
arkaly kowup çykardyk. Onuň kowulmagy bilen, Leýna adamlardaky
günäni tapawutlandyrmak ukybyny ýitirdi. Oňa birnäçe wagtlap öz azat
edilen aňy bilen öwrenişmäge wagt gerek boldy: öň onuň „ýoldaşlary“
hemişe gürrüňdeş bolýardylar.
Erbet ruhlar edil mesihidäki Mukaddes Ruh ýaly ölçegde hereket
edýärler. Size bir adamy gören badyňyza onuň mesihidigini aýtmazyndan
Daşky sypat ýalançy bolýar
133
öň bilmeklik dogry geldimi? Sizde başga imanlylar bilen umumylyk
duýulýarmy? Bu ýerde hiç hili jady ýok; bu ýerde Mukaddes Ruh siziň
ruhuňyza şaýatlyk edýär. Başga bir gezekde Mukaddes Ruh siziň başga
ruhlar bilen duşuşygyňyzy duýduryp biler.
Eger biz ybadathanada hem, öýde hem duýgur bolmaklygy öwrensek,
onda biz köp sanly ruhy betbagtçylykdan daşda durmaklygy başaryp bileris.
Gyradeň pikir etmeklige endigimiz bize ruhlary tapawutlandyrmaklygy
ulanmaklyga päsgel berýär, emma şu ýerde Ýewreýlere Hatyň awtorynyň,
ruhlary tapawutlandyrmaklygy hakyky Hudaýy ylmyň esaslary diýip
hasaplaýandygyny ýatlamak gerek: «Agyr damak kemala gelenlere, ýagny
saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirilip, terbiýe
edilenlere berilýändir» (5:14).
Iblisiň jezalarynyň iň bir heläkleýjisi bu ýalandyr. Näme üçin? Sebäbi
ten höwesini we töhmeti biz şol wagt duýýarys, ýalan bolsa köplenç
ýüze çykman galýar. Iblis siziň garaňkylykda galmagyňyzy isleýär. Ol
ybadathana, öýe ýa-da adam aňyna bilniksiz aralaşsa, özüniň ol ýerde
hojaýyn boljakdygyna ynanýar. Gynansakda, häzirki wagtda oňa şol
zatlary etmeklik ýygy-ýygydan başardýar. Siz iblisiň ýalanyny adamçylyk
nukdaýnazardan seljerip bilmersiňiz. Munuň üçin Hudaý tarapyndan
açylyş gerek. Isa şeýle aýtdy: „Meniň sözümi tutsaňyz, hakykatdan hem
Meniň şägirtlerim bolarsyňyz; Siz hakykaty bilersiňiz, hakykat-da sizi
azat eder“ (Ýahýa 8:31, 32). Ol şägirtleri barada şeýle dileg etdi: „Olary
hakykatyň bilen mukaddes et. Seniň sözüň hakykatdyr“ (Ýahýa 17:17).
Hudaýyň ýaraglaryny dakynyp başlanyňyzda, ilki bilen biliňizi hakykat
bilen guşamak örän möhümdir (Efes. 6:14). Hakykatyň ýagtylygy,
ýalanyň garaňkylygyny böwsüp biljek ýeke-täk ýaragdyr.
Men bu bölümi bir ýaş aýalyň haty bilen jemlemekçi. Iblis ony
aldaw toruna salypdyr, emma Gandaly Döwýänçi bilen duşuşyk onuň
patyşalygyna nokat goýupdyr. Men ony ädimme-ädim azat bolmaklygyň
türgenleşiginden geçirdim.
Mähriban d-r Anderson!
Men özümiň hiç wagt siziň ýanyňyza maslahat we doga
okamaklygyňyzy sorap gelen wagtymy unutmaryn. Şondan
bäri men özümi azat duýýaryn. Maňa indi sesler eşidilenok we
men öz kellämde agyrlyk duýmaýaryn. Meniň fiziki ýagdaýym
134
Gandaly döwýänçi
has gowulaşdy. Iblis maňa gaýtadan öz pikirlerini ornaşdyrmak
isledi, emma men öz üstümden onuň agalygynyň soňuna
çykylandygyny bilýärin.
Hiç wagt siziň Hudaý we özüň baradaky ýaramaz pikirleriň ýalan­
dygy baradaky sözleriňizi unutmaryn. Onuň iblis tarapyndan
maňa ornaşdyrylan pikirdigine göz ýetirdim. Siz meniň Isa
Mesihde iblisi ýeňmek ygtyýarlygyna we erbet pikirlerden
dynmak erkine eýe bolýandygymy aýtdyňyz. Men muňa doly
göz ýetirýänçäm esli wagt geçdi, emma men ahyrsoňunda
öz bilimlerimi ulanmakçy bolanymda, ähli zat oňuna boldy.
Öz aladalaryňdan baş alyp çykmak – bu nahili ajaýyp! Maňa
we başga adamlara rahatlygy almaga, söýmegi we ynanmagy
öwrenmäge kömek edeniňiz üçin sag boluň.
Mesihde söýgi bilen.
11
Gözegçiligi ýitirmek
Aşakda berilýän haty özüme gaty tanyş bolmadyk bir zenan maşgaladan
aldym. Şeýla ruhy gapma-garşylyklaryň altynjy günki konferensiýasyna
gatnaşdy, dynç güni bolsa ruhany onuň hatyny maňa berdi:
Gadyrly jenap Anderson!
Hudaýa şükür, men azat! Düýn men ömrümde ilkinji gezek „sesleri“
eşitmegimi bes etdim. Men rahatlandym. Haçanda biz aýdym
aýdanymyzda, men öz sesimi eşitdim. Men öz on dört ýaşyma çenli
hiç wagt ýyly söz aýtmadyk, gödek ejem bilen ýaşaşdym. Ol meni
urýardy we kemsidýärdi. Men 15 ýaşymda Erhardyn Seminaryna
geldim we bu ýerde meniň „aňymy düýpli ýuwdular“. Indiki ýyl
meniň üçin hakyky dowzah boldy. Ejem meni köçä kowdy we men
tanyşlarymda ýaşamaga başladym. Tizden meni ol ýerden hem
kowdular. Ýene üç ýyldan men Isa Mesihe uýmaga başladym. Isa
Mesihi kabul etmek karary belli bir derejede iblisiň we erbetligiň
güýjüniň öňünde gorky bilen baglanyşyklydy we men olar bilen
öz durmuşymda köp gezek çaknyşdym. Men özümi iblisden halas
bolan diýip hasaplamak bilen, özümiň iblisiň ýaýlary üçin entek
hem oňaýly nyşanadygymy bilmedim. Mesihi durmuşymyň ilkinji
iki ýylynda, men özüm bilmezden günäde ýaşadym. Oňa aň ýetirip,
toba etdim, bagyşlandym we maňa gözegçilik etmek isleýän iblisiň
özüne çekijiliginden ahyrsoňy azat boldum diýip hasap etdim. Men
göreşiň indi başlanýandygy barada göwnüme hem getirmedim.
Meniň tutuş göwräm düwürtiklere basyryldy. Men özümiň
Hudaýa ynam we ýakynlyk baradaky duýgularymy ýitirdim.
Reb üçin aýdym aýtmak ýa-da Mukaddes Ýazgyny okamaklyk
136
Gandaly döwýänçi
meniň üçin mümkin bolmady. Öz-özümi köşeşdirmek üçin men
iýmeklige ýüz urdum. Iblisler meniň oňatlyga ýa-da erbetlige
bolan duýgularymy şeýle bir ýoýdular welin, söýgä we öz-özüňe
göz ýetirmeklige derek, ahlaksyzlyga ýüz urdum.
Bularyň bary düýn men iblise özüme gözegçilik etmekligini
bes etmekligi buýran wagtymda gitdi. Özümiň söýgülidigime
düşünmegim meni halas etdi we durmuşa goltgy berdi. Men şu
wagt eýforiýanyň ýagdaýynda däl: men öz ähli ýazan zatlarymy
açyk aýdyň aklym bilen ýazýaryn. Hatda iýmeklige bolan höwes
hem indi maňa düşnüksiz, ýabany bolup görünýär.
Men mesihileriň şeýtanyň çozuşyna şeýle durumsyzlygy barada
oýlanmandym. Men azaşdym, emma men indi azat. Sag bol, Isa!
Şeýla
Şeýlanyň ýüregini açmagy – özüňe gözegçiligi ýitirmek fenomeniň
barlygy huşa getiriji şaýatlyk we bu barada köp sanly mesihiler
aýtmagy halamaýarlar. Mesihi bolmak bilen Şeýla barybir iýmekde,
zyna we ruhy gatnaşykda özüne gözegçiligi ýitirdi. Onuň ruhy ösüşi
kemeldi; has beteri ol pese düşdi. Ol aýdym aýtmaýardy we Mukaddes
Ýazgyny okamaýardy. Ol muny islemeýändigi üçin däl-de, ýerine ýetirip
bilmeýändigi üçin şeýle etdi. Şeýla ruhy ýesirlige düşdi.
Adatça biz mesihileriň ten höwesinden, töhmetden we aldawdan zyýan
çekýändigi bilen ylalaşýarys. Emma haýsydyr bir düşnüksiz sebäplere görä,
mesihileriň azatlygyny ýitirip, şeýtana boýun bolmaklygynyň mümkinçiligini
göwünsiz boýnumyza alýarys. Emma muňa garamazdan, Mukaddes
Ýazgyda ten höwesiniň, töhmetiň we ýalanyň üsti bilen mesihileriň şeýtanyň
ygtyýarlygyna düşüşi barada köp sanly mysallar getirilýär.
Şu ýerde men aýratyn bellemekçi: mesihileriň üstünden şeýtanyň
gözegçiligi, olaryň şeýtana degişlidigini aňlatmaýar. Siz hem Şeýla
meňzeşlikde Guzynyň gany bilen ýuwulan we dowzahyň ähli güýçleri hem
sizi halas bolmakdan mahrum edip bilmez (1 Petr. 1:17‑19; Rim. 8:35‑39).
„Iblisiň mukaddeslere ýetirip biljek erbetligi“ kitabynda (What Demons
can Do to Saints) d-r Merrill Anger şeýle ýazýar: „Iblisler hojaýyn ýa-da
muňa haky bolan myhman ýaly däl-de, edil ogrular ýaly girýärler. Iblisler
– olar basybalyjy, garakçy we duşman. Emma olar özlerine agyr we uzak
günä gapy açan bolsa girýärler“.1 Şeýtan indi hiç wagt size hökümdarlyk
edip bilmejekdigini bilýär. Emma eger oňa siziň üstüňizden, iň bolmanda,
Gözegçiligi ýitirmek
137
otnositel gözegçiligi ýola goýmak hem başartsa, ol siziň Mesihde ösüşiňizi
peselder we siziň ýalkanyşly işiňizde netijeliligiňizi peselder.
Paýhas üçin söweş
Stiw Russo we men, bilelikde özlerini mesihi diýip atlandyrýan 1291 sany
mekdep okuwçysyny öwrendik. Olaryň 47 % otagda haýsydyr bir zadyň
barlygyny duýmak ýa-da eşitmeklige duçar bolupdyr we olar gorkupdyrlar;
54% Hudaý baradaky ýaramaz pikirler bilen göreşýärler; 37 % doga we
Injili okamak kyn düşýänler; 70 % aňda gizlenip ýatan „meniň“ sesini
eşidýärler we hakykatda hem ýaramaz pikirler bilen göreşýärler; 20 %
öz janyna kast etmek barada tiz-tizden oýlanýarlar; 24 % aňyna zorluk
etmek gelýänler (mysal üçin pyçak alyp ýanyňdakyny öldürmek); 71 %
özlerini daş-töweregindäkilere düýpden meňzemeýän hasaplaýarlar. (Olara
dogry gelýän zat maňa dogry gelmeýär). Öwrenmegiň beýleki netijeleri,
şeýle hem ata-enäniň we ruhanynyň çagalara nähili kömek edip biljekdigi
barada „Biziň çagalarymyzyň höwesleri“ kitabyndan okaň.
Men biziň ýokary synpdaky mesihi mekdep okuwçylarymyzyň 70%iniň şisofreniýa we paronoýa kesellidigine ynanmaýaryn. Men muny
Timoteosa Birinji hatdan alnan sözler bilen düşündirýärin: „Ruh nygtap
aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner… aldawçy ruhlara,
jynlaryň taglymatlaryna gulak asar“ (1 Timot. 4:1,2). Bu häzir bütin
dünýäde şeýle bolup geçýär.
Men soňky on ýyllykda sesleri eşitmekden ýa-da ýaramaz pikirlerden
ejir çekýän ýüzlerçe adama maslahat berdim. Köpler Injili okamakda
we dogry düşünmekde, tas hemmeler diýen ýaly özleriniň halas
boljakdygyna ynanmazlykdan ejir çekýärler. Olaryň hiç birinde öz içki
dünýäňi duýmak ýok. Bu ýagdaýlaryň her birinde paýhas üçin söweş
ruhy derejede barýar. Ol adamlara Mesihde azatlygy gaýtaryp bermek
üçin, ortaça üç sagat gerek bolar. Psihiki kesel barada haçanda näsag
özünde şahsyň bölünmegini duýýan halatynda (näsag sesleri eşidýär)
aýdyp bolar. Emma bu ýagdaýda hem iblisiň haýsydyr bir täsiri bolup
geçýär. Onuň bilen söweşmek möhümdir.
„Ýesirlikden azat bolmak“ (Released from Bondage) atly öz kitabymda,
men pida bolanlaryň özleriniň gürrüň beren birnäçe „keselleriniň taryhyny“
gürrüň berýärin. Suratlandyrylan ýagdaýlar patologiki artyk iýmekden
we jynsy durumsyzlykdan başlap, depressiýanyň agyr görnüşine çenli
138
Gandaly döwýänçi
öz içine alýardy. Tas ähli müşderiler diýen ýaly ýaramaz pikirlerden we
jynsy durumsyzlykdan ejir çekýärdiler we barybir özlerini mesihi diýip
atlandyrýardylar. Iki sanysy şol wagt hem, häzir hem gullukdadylar.
Olaryň meselesi bilen ýakyndan tanyşmak size öz meseleleriňizi
çözmekde uly kömek berer. Esasy zat siziň Mesihde azatlyga eýe bolup,
başgalara kömek berip bilmegiňiz. Munuň üçin bolsa size paýhas üçin
ruhy söweşiň oýlanylyp tapylan zat däldigini boýnuňyza almagyňyz
möhüm.
Mukaddesleriň üstünden şeýtanyň gözegçiligi
Mesihileriň özleriniň şeýtan üçin elýeterligine düşünmekleri wajypdyr.
Başgaça diýip pikir edýänler özleriniň barlygyna diňe Hudaýyň we
adamyň erkini görýärler. Eger-de biz şeýtanyň täsirinde diňe özümizi
günälesek, onda aljyraňňylyga düşeris we bizde başgaça hereket
etmäge güýç bolmaz. Eger-de biz onda Hudaýy günälesek, Onuň
Atalyk ýalkanyşyna bolan öz ynamymyzy ýitireris. Iki ýagdaýda-da bize
barybir ýeňilmek garaşýar, Injil bolsa bize ýeňşi söz berýär. Biz ýeňlen
garaňkylyk patyşalygynyň ýolbaşçylygyna we hökümdarlygyna garşy
göreşýäris. Ýeňiş bizdendir, emma biz iblis ýalanyna ynansak, onda belli
bir derejede gara güýçleriň täsirinde bolarys.
Aşakda Mukaddes Ýazgydan, imanlylaryň öz-özüne gözegçiligi ýitirip,
ruhy ýesirlige düşmekleri barada birnäçe mysallar getirilýär.
Lukanyň Hoş Habary 13:10‑18. „Ol ýerde on sekiz ýyl bäri içinde
ejizlik ruhy bolan bir aýal bardy. Ol iki eplenip, asla gönelip bilmeýärdi“
(11‑aýat). 16-njy aýatda onuň keseliniň sebäbi, iblis täsiri barada
aýdylýar. Ol aýal imanlydy („Ybraýymyň gyzy – 16-njy aýat“). Isa ony
ruhy taýdan bejeren badyna, ol fiziki taýdan hem sagaldy.
Sinagoganyň diwarlarynyň ol aýaly iblis yzarlamasyndan halas edip
bilmändigine üns beriň. Ony ybadathananyň haýady hem halas edip
bilmez. Eger beton diwarlar iblisi saklap bilmeýän bolsa, biziň tenimiz
ony saklamagy başararmyka? Ruhy zatlar dünýäniň material kanunlaryna
boýun bolmaýarlar.
Bu ýagdaýyň Isanyň haçdaky ejirlerinden öň bolup geçendigine
ynanýaryn. Emma barybir ol mesihileriň iblis gözegçiligine düşüp
biljekdigini görkezýär.
Gözegçiligi ýitirmek
139
Lukanyň Hoş Habary 22:31‑34. Resul Petrus bize wagtlaýyn şeýtan
gözegçiligine düşen imanlynyň mysalyny görkezýär. Isa oňa şeýle diýdi:
„Simun, Simun! Bugdaý kimin galbir bilen elejek bolup, şeýtan sizi
diledi“ (31‑aýat). Şeýtanyň beýle haýyşy öňe sürmäge näme hukugy
bardy? Görnüşi ýaly, Petrus haýsydyr bir wagt muňa ýol berdi. Belki,
beýleki şägirtler bilen jedel edeninde gedemlik etmek bilendir (22:24).
Resulyň öz Rebbi bilen tä ölüme çenli bile bolmakda hakyky islegine
seretmezden (33‑aýat), Isa Petrus üç gezek ýüz öwürjekdigini öňünden
aýtdy (34‑aýat). Şeýle hem boldy. Isanyň öňünden Petrusyň ýüz
öwürmeginden soň ýene Özüne ýüzlenjekdigi barada doga okandygyny
belläp geçmek möhüm (32‑aýat).
Efeslilere hat 6:10‑17. Bu eýýäm bize tanyş bolan, resul Pawlusyň
mesihileri dogry ýola gönükdirmesi: „Iblisiň hilelerine garşy durup biler
ýaly, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň“ (11‑aýat). Tutuş ýaraglanmak
urşujyny duşman okundan goraýar. Eger-de duşman oky urşuja zeper
ýetirmeýän bolsa, onda resula bizi Hudaýyň ähli ýaraglary bilen
ýaraglanmagy ündemegi nämä gerekdi? Ýok, duşman biziň üstümizden
belli bir gözegçiligi edinmäge ukyply.
Ýakubyň haty 3:14‑16. Resul şeýle aýdýar; eger biziň içimizde „içigaralyk
we igenjeňlik“ bar bolsa, onda biziň akylymyz „dünýä, tebigata, iblise“
degişli akyldarlyk bolýandyr (15‑aýat). Meniň ilkibaşda Mukaddes
Ýazga oňat düşünýän bir talybym bardy, emma ol azgyn aýal bilen tanyş
bolanyndan soň ynamdan daşlaşdy. Ol ähli beýleki okuwçylara näçe
„açyklyk“ bilen ýüzlense-de, hiç kim bilen düşünişip bilmedi. Bu ýerde
geň zat ýok, onuň pikir ýöredişi Mariýa Beýker Eddiniň kitabyndaky
seljermeleri ýadyňa salýardy. Maňa mälim bolşy ýaly, ol iblis pelsepesi
bilen çaknyşykdan soň, oňly özüne gelmändir.
Pawlusyň Timoteosa Birinji haty 4:1‑3. Resul Pawlus şeýle ýazýar:
«Ruh nygtap aýdýar: soňky wagtlarda käbir adamlar imandan däner…
aldawçy ruhlara, jynlaryň taglymatlaryna gulak asar» (1 Timot.
4:1). Sözümi tassyklamak üçin köp sanly mysallary getirip biljek.
Meniň talyplarymyň biri örän golaýda ýaşaýandygyna garamazdan,
uniwersitetiň jaýyna tutuş bir sagatda gelip ýetdi. Ol özüne manysyz
öwrümleri etmegi ündeýän, haýsydyr bir sesi eşidipdir. Ol Hudaýy
diňleýändirin diýip pikir etmek bilen, sesiň aýdanlaryny boýun egijilik
140
Gandaly döwýänçi
bilen ýerine ýetiripdir. Ybadathana maslahatynyň agzasy ruhanyny
çalyşmak isläpdir, sebäbi oňa „ses“ şeýle etmegi ündäpdir. Millionlarça
adamlar öz paýhasy üçin söweşde ýeňilmek bilen akylsyz, tötänleýin
hereketleri edýärler. Biz özümizde peýda bolan her bir pikiri Mesihe
boýun bolmaklyga sowmalydyrys (2 Kor. 10:5).
Öz iş tejribämiň döwründe men ýalanyň atasynyň ýesirliginde
bolýan ýüzlerçe adamlar bilen ýüzbe-ýüz boldum. Şol wagt maňa
azdyryjy ruhlary çagyrýanlar, ýalan pygamberler we ýalan mugallymlar
tarapyndan aldanan adamlar üçin kitap ýazmak tebigy bolup göründi.
Men ol kitaby „Ýagtyda geziň“ diýip atlandyrdym. Biz Mukaddes Ruhuň
alyp barmagy we adamyň ähli ýerde duş gelýän, şol alyp baryjylyga
ýasamalygyň ara tapawudyny bilmeli.
Birinji Korintoslylar 5:1‑13. Bu bölek resul Pawlusyň, öz atasynyň
aýaly bilen bikanun gatnaşykda bolan adama degişli görkezmäni özünde
jemleýär (1‑aýat). Bu adam şeýtan tarapyndan şeýle bir aldanypdy welin,
ol görnüşi ýaly özüni alyp barşy bilen ybadathananyň öňünde öwündi.
Pawlus tarapyndan çykarylan höküm gazaplydy: „Ruhum araňyzda bolup,
Rebbimiz Isa Mesihiň gudraty bilen bir ýere üýşen mahalyňyz, teni heläk
bolup, ruhy Reb Isanyň gününde gutular ýaly, bu adamy şeýtana tabşyryň“.
(4, 5‑aýatlar). Pawlus günäni şeýtanyň eline bermek barada höküm çykardy
we ol muny günäliniň toba etmegine getirer diýip pikir etdi.
Köp adamlar şeýle günäni eden adamyň mesihi bolup galyp biljekdigine
ynam etmeýärler. Emma eger Pawlus ony jezalandyran bolsa, diýmek
ol onuň bilen ybadathana agzasy hökmünde çemeleşýär, sebäbi
ybadathanada jeza diňe mesihilere degişli bolýar. Şeýlelik bilen bu adam
mesihidi (iň bolmanda Pawlus ony şeýle hasaplaýardy); emma ol özüni
ahlaksyzlyk toruna salmaklyga ýol berdi. Pawlus jezalandyrmagyň günä
edene onuň soňuny duýmaklygy, toba etmekligi we şeýtanyň torundan
boşamaklygy berjekdigini umyt edipdir.
Efeslilere hat 4:26, 27. Bu ýerde Pawlus şeýle ýazýar: „Gaharlanyň,
ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol
bermäň“. Resul bu ýerde, eger biz öz sözümiziň hakykylygyny alada we
söýgi bilen berkitmesek, onda biz şeýtana özümize tarap „otly oklaryny“
atmaklyga mümkinçilik berýändigimizi görkezýär. Aladalanmakda we
bagyşlamazlykda baş bolýan gahar-gazap şeýtana boýun bolmaklyga
barýan göni ýoldur (2 Korintos. 2:10, 11).
Gözegçiligi ýitirmek
141
Petrusyň Birinji haty 5:6‑9. Resul Pawlus mesihilere şuny duýdurýar:
„… Hüşgär boluň, oýanyň. Ýagyňyz bolan iblis arlaýjy arslan kimin
aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendir“ (8‑aýat). Bu ýerde „ýuwutjak“
sözi boýun etmek manysyny berýändir. Eger-de mesihiler özlerini iblisiň
toruna düşürmeseler, onda resul Petrus bu zatlary duýduryp durmazdy.
Mazmunyndan mesihiniň iblis toruna düşmegine nämäniň sebäp
bolýandygy barada netije çykarmak bolýar. Ilki bilen ulumsylyk. 6-njy
aýatda resul Petrus öz-özüni arşa galdyrmaklygyň soňuny unutmazdan,
mesihilere özlerini Rebbe tabşyrmaklaryny ündeýär. Öz gedemligimizi
basyp ýatyrmak bilen biz şeýtana garşy durýarys. 7-nji we 8-nji
aýatlardan görnüşi ýaly, eger biz özümiziň aladalarymyzy Rebbe
tabşyrmagy öwrenmesek, onda biz iblis üçin aňsatja olja öwrülýäris.
Resullaryň Işleri 5:1‑11. Bu belki mesihileriň şeýtana boýun bolan
ýerleri barada gürrüň berýän Mukaddes Ýazgydaky iň tassyklaýjy ýerleriň
biridir. 4-nji babyň soňunda biz täze dörän Iýerusalim ybadathanasynyň
agzalarynyň öz hususy emlägini satyp, puluny öz islegleri bilen gullukda
ulanmaklyga resullara getirip berendikleri aýdylýar. „Hananýa atly bir
adam aýaly Safira bilen bir mülki satyp, onuň bahasyndan bir bölegini
özüne aldy we onuň diňe bir bölegini getirip, resullaryň öňünde goýdy.
Onuň bu hilesinden aýalynyň-da habary bardy. Petrus oňa şeýle diýdi:
«Hananýa, şeýtanyň Mukaddes Ruhy alda-da, satylan ýeriň bahasynyň
bir bölegini özüňe al» diýen päline näme üçin ýüregiňden ýer berdiň? Ol
satylman galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi?
Näme üçin bu zady ýüregiňe düwdüň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa
ýalan sözlediň“ (1‑4 aýatlar).
Hananýanyň we Safiranyň günäsi, olaryň galan puly özlerinde
galdyrmagynda däl-de, olaryň ählisini berendiklerini aýdyp, muny
gizlemegindedir. Ýalanyň soňy özüni garaşdyrmady: äre we aýala tarpataýyn ajal geldi (5, 10‑aýatlar).
Mesihileriň şeýtana boýun bolmaklygyny inkär edýänleriň käbirleri,
Hananýa we Safira mesihi bolan däldirler diýip çak edýärler. Men
bu çaklamany ynamly hasaplamaýaryn. Birinjiden, wakalaryň bary
ybadathanada bolup geçdi, bu bolsa Hananýanyň we Safiranyň oňa
degişli bolandygyny aňladýar. Ikinjiden, 5-nji babyň 11-nji aýadynda
şeýle aýdylýar: „Bütin ýygnak we bulary eşidenleriň barynyň üstüne
uly gorky abandy“. Eger Hudaý ybadathana degişli bolmadyk adamlary
ýazgarýan bolsa, onda imanly adamlara gorkmak nämä gerek? Olar
142
Gandaly döwýänçi
Hudaýyň mesihi bolup ýalan hereket eden adamlary ýazgarandygy
sebäpli gorkdular. Üçünjiden, jezanyň gazaply bolmagy Hudaý üçin
hakykatyň nähili möhüm bolandygyny görkezýär. Mesihi däller hemişe
ýalan sözleýärler, düzgün bolşy ýaly, Hananýanyňky we Safiranyňky
ýaly çalt jeza sezewar bolmaýarlar. Men Hudaýyň entek irki ybadathana
döwründe biziň esasy duşmanymyzyň kommunizm, neşekeşlik ýada okkultizm däldigini subut etdi diýip pikir edýärin. Biziň esasy
duşmanymyz – şeýtanyň aldawy.
Hananýanyň günäsi onuň şeýtana öz ýüreginde Mukaddes Ruhy
aldamaklyk pikirini ornaşdyrmaga ýol berendigindedir. Hananýa şeýtan
gözegçiligine düşdi. Grekçe tekstde „goýmak“ sözi däl-de „doldurmak“
(pleroo) sözi dur. Efesliler 5:18-de bolşy ýaly berilýär. „Ruhdan doly
boluň“. Mesihi şeýlelik bilen, ruhdan hem, şeýtanyň ýalanyndan hem
dolup biler. Eger-de siz özüňizi şeýtana haýsydyr bir soragda aldatsaňyz,
onda siz onuň üçin oňaýly maýyl bolmaklyga öwrülersiňiz. Hananýany we
Safirany gazaply jezalandyrmak bilen Hudaý indiki söweşiň esasy ugruny
görkezdi. Haçanda şeýtana bilniksizden ybadathana, öýe ýa-da adamyň
kalbyna aralaşmak başartsa, – onda ol olara täsirini ýetirip bilmezmi?
Mesihiniň jogapkärçiligi
Tutuş wakadaky jogapkärçiligiň baryny Hananýa bilen Safiranyň üstüne
ýüklemezlik üçin bir zady aýdyp geçmeli, olar özleriniň ölümine sebäp
bolan ýalanyň azat ýaranlary boldular. Petrus är-aýaldan: „Ol satylman
galanda-da seniňki, satylandan soň hem seniň erkiňde dälmidi? Näme
üçin bu zady ýüregiňe düwdüň?… Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synamak
üçin dilleşdiňiz?“ (Resul Iş. 5:4‑9). Hawa, şeýtan olaryň ýüregini ýalan
bilen doldurdy we olaryň üstünden gözegçilige eýe boldy, emma ol muňa
Hananýa we Safira belli bir derejede ýol bereni üçin etdi.
Haçanda adamlar maňa: „Şeýtan meni şeýle etmeklige mejbur
etdi“ diýseler, men halamaýaryn. Ýok, ol sizi mejbur etmedi, siziň
özüňiz ol günäni etdiňiz. Siz onuň yzyna eýerdiňiz we ol siziň beren
mümkinçiligiňizden peýdalandy. Siziň Mesihde doly derejeli, ýeňişli
durmuşda ýaşamagyňyz üçin ähli mümkinçilikler bar we eger siziň
durmuşyňyz başgaça bolsa, onda oňa siziň özüňiz günäkär. Eger siz
höwese, töhmete we ýalana garşy durmasaňyz, iblis hökman siziň
durmuşyňyzda aralaşar. Hiç hereket etmän dursaňyz, onda ol siziň
Gözegçiligi ýitirmek
143
üstüňizden gözegçilige eýe bolar. Siz halas bolmakdan mahrum
bolmasaňyz hem, her günki ýeňişden mahrum bolarsyňyz.
Köp mesihiler köp zatlarda özlerine erk edip bilmeýärler, dörän
ýagdaýdan çykalga gözlemän, gaýtam özlerini ýigrenmek bilen bolýarlar.
Özlerini gaýratyň ýoklugy üçin jezalamak bilen olar iblise garşy durup,
onuň öz üstünden täsirini aýryp zyňmaklyga çalyşmaýarlar. Ondan
dynyp bilmeýän islendik erbet endigiňiz we oňatlygy berjaý etmek üçin
güýjüňiziň ýoklugy deň derejede siziň iblis torunda bolmaklygyňyzyň
alamaty bolup biler.
Garşy durmaklygyň ýoklugy öz üstüňden
gözegçiligi ýitirmeklige getirýär
5-nji bölümde biz mesihileriň şeýtan güýçleriniň çozuşlaryndan goran­
magyň meselelerine seredip geçdik. Bu goragyň netijeliligi özüňizi alyp
barşyňyza bagly. Siz iblise garşy çykmagy islemeli – şonda Hudaýyň
goragy güýje girer.
Rimlilere Hatda şeýle ýazylan: „… Reb Isa Mesihi geýniň, teniň
höweslerini kanagatlandyrmak üçin alada etmäň“ (13:14). Eger-de biz
Pawlusyň aýdanlary bilen bolman, günä etsek, nämeler bolup geçýär?
Iblisiň bizi öz erkine bagly etmejekdigine kepilimiz barmy? Ýok, sebäbi
Hudayň goragy diňe düşünjeli hereket etmegiň şertlerinde güýje girýär.
D-r Anger şeýle ýazýar: „Eger Hudaýyň Ruhy mesihde günä zerarly
gamgyn edilmedik bolsa (Efes. 4:30) we boýun egmezlik zerarly
söndürilmedik (1 Selanikl. 5:19) bolsa, onda Ol iblis ruhundan ynamly
goragy özünde jemleýär. Emma kim şeýtanyň, öz uzak günäleri we
açyk boýun bolmazlygy bilen Mukaddes Ruhuň göwnüne degen adamda
ornaşyp bilmez diýip aýgytly aýdyp biler?“.2
Resul Ýakup bize şeýle öwredýär: „Indi Hudaýa boýun boluň.
Iblise garşy duruň, ol sizden gaçar“ (Ýakup 4:7). Eger biz oňa garşy
durmasak näme? Ol bizden gaçarmy? Ýok. Hudaý bizi şeýtanyň islendik
ýörişinden gorar, emma munuň üçin öz erkiňize gaýrat edip, arwaha
garşy durmaklyga gatnaşmagyňyz gerek.
Efeslilere Hatda Pawlus (6:10‑17) mesihileri „Iblisiň hilelerine garşy
durup biler ýaly“ (6:11) Hudaýyň ýaraglary bilen doly ýaraglanmagy
ynandyrýar. Eger biz uruş meýdanyna öz ýaraglarymyzyň bir bölegi
bilen çyksak näme bolar? Biz ýaralanarysmy? Elbetde, öz goragsyz
ýerlerimizde ýaralanarys. D-r Anger sözüni şeýle dowam edýär:
144
Gandaly döwýänçi
Eger-de mesihi öz ähli ýaragyny ulanmasa, onda iblis öz
garşydaşynyň galasynyň açyk derwezesinden girmäge haýalýagallyk edermikä? Gutulgysyz girmeklik mesihiniň arwaha gul
bolmaklygynyň sebäbi bolýar. „Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine
ýetirmekleri üçin özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular“
(2 Tim. 2:26). Duşmanyň ýeňlen mesihilere ýaragyň aýratyn
görnüşlerini gadagan etmegi, edil adamzat taryhyndaky uruşlarda
bolşy ýaly höküm etmeklige başlaýar. Netijede mesihiniň garşylyk
görkezmegi çym-pytrak bolýar, ol boýun egmeklige mejbur bolýar.3
Biz Ýakubyň Hatyndan duşmançylygyň we gapma-garşylygyň
çeşmesiniň „agzalaryňyzda uruşýan höweslerden“ gelip çykýandygyna
göz ýetirýäris (4:1). Pawlus öz Rimlilere Hatynda mesihilere şeýle
ündeýär: „… Höweslerine boýun bolmazlygyňyz üçin, ölümli teniňizde
günä höküm sürmesin“ (6:12). Dünýä, ten we arwah hemişe bizde
bar bolan Ruhuň durmuşy bilen söweş edýärler. Eger biz olara garşy
gitmesek nämeler bolup geçer? Biz özümize garşy çykýan „höwesleri“
ýeňip bilerismi? Ýok, eger biz iblise garşy çykmakdaky borçlarymyzy
äsgermesek, onda olar bizi özüne bakna eder.
Her bir mesihiniň borjy hakykata ynanmakdan, ýalkanyşly durmuşy
alyp barmakdan we Hudaýyň ähli ýaragy bilen ýaraglanmakdan jemlenýär.
Men siz üçin jogapkär bolup biljek däl, siz hem meniň üçin şeýle bolup
bilmersiňiz. Men size dogalar bilen kömek edip bilerin. Emma siz Hudaýyň
ähli ýaragy bilen ýaraglanmasaňyz söweşde ýaralanmajakdygyňyza kepil
nirede? Men näçe islesemde siz üçin özüňiziň etmelileriňizi edip bilmerin.
Belki, siz şu wagt resul Pawlus bilen gaýtalamaga taýynsyňyz: „Sebäbi
men näme edýänimi bilmeýärin, ýagny islän zadymy etmän, ýigrenen
zadymy edýärin“ (Rim. 7:15). Siz, belki, höwes, töhmet we aldaw üçin
ýeňil nyşanadygyňyza düşünýänsiňiz. Size gözegçilik etmek ýeňil. Siz iblise
ýeterlik derejede garşy durmaýarsyňyz. Şu ýerden hem düşünişmezlik
gelip çykýar: „Eýsem bu hemişelikmi? Meniň ruhy işjeňsizligimden
peýdalanyp, iblis meniň öýüme girdi. Men, indi ony kowup bilerinmi?“
Bilersiňiz! Gandaly Döwýänçi – Isa Mesihiň kömegi bilen. Emma Onda
azatlygy edinmek üçin, şeýtanyň haýsy deşiklerden bize aralaşanyny bilmek
gerek. Mesihe ýürekden dogalar bilen ýüzlenmek bolar: „Reb, bu dörän
ýagdaýa men jogapkär. Iblisiň işlerine gatyşmagym meni ruhy ýesirlige
getirdi. Men ýürekden we dolulygyma ol işlerden el çekýärin“. Kitabyň
indiki bölüminde suratlandyrylýan azat bolmak prosessi, dolulygyna Injile
esaslanan. Onuň kömegi bilen siz köp garaşylan azatlygy edinersiňiz.
3
GANDALY DÖW ÝÄNÇI
Erkin boluň!
12
Mesihde erkinlige tarap ýol
Ýalançylykdan we şeýtanyň ýörişinden azat bolmak – ine, her bir
mesihiniň Mesihdäki mirasy. Ybadathana atalary, ruhy dünýäniň
hakykylygyny tassyklamak bilen, iblisden üstün çykmaklygy Isa
Mesihden mesihä sowgat hasapladylar. Tertullian şeýle ýazýar:
„Gülesiňiz gelse, gülüberiň, emma şonuň bilen şeýtanlary hem
güldürmäge çalşyň; olaryň Mesihiň her bir ruhy seljermek üçin
geljekdigini inkär etmäge bogunlary ysarmyka… Olar özleriniň
döredýän erbetlikleri, üçin ahyrýet gününde özlerine baş egýänler
bilen bilelikde ýazgaryljakdygyny inkär etmeklige aýgyt edip
bilerlermi? Biziň olaryň üstünden ygtyýarlygymyz Mesihiň adyny
aýtmakda we olar üçin Hudaýyň jezalaryny ýatlatmakdadyr…
Olar Hudaýda Mesihden, Mesihde Hudaýdan gorkmak bilen,
Mesihdäki Hudaýyň hyzmatkärlerine garaşly bolup galýarlar.
Şonuň üçin biziň galtaşmagymyzda ýa-da üflemegimizde olary
geljekki oduň gorkusy gurşap alýar we olar öz erkleriniň
garşysyna gidip, eýelän tenlerinden çykyp gidýärler“.1
Origen şeýle ýazdy:
„Ýeke-täk Hudaýa we Onuň Sözüne boýun egýän dogruçyl
mesihi iblislerden hiç hili ejir çekmeýär, çünki Hudaý
iblislerden güýçlüdir… Çünki biz iblisleri ýigrenýäris we olar
ýigrenilip, Onuň kömegine mynasyplara kömek edip biljek
ýeke-täk Biriniň goragy astynda bolanlara hiç hili erbetlik edip
bilmeýärler“.2
Mesihde erkinlige tarap ýol
147
Mesih haçda günäni ýeňip, bize azatlygy berdi. Emma siz ynamda
durman ýa-da boýun bolmazlygy ýüze çykaryp, haýsydyr bir derejede
azatlykdan mahrum bolsaňyz, onda Hudaý bilen aradaky bozulan
gatnaşyklary ýola goýmagyň jogapkärçilikleri siziň üstüňizdedir. Siziň
müdimilik azat bolmaklygyňyz howp astynda däl – Mesihde siz eýýäm
baky durmuşa eýe, emma siz doly azatlyga ýetmek üçin özüňize bagly
bolan zatlary edip bilmeseňiz, onda siz gündelik durmuşda ýeňişden
mahrum bolarsyňyz.
Ýatda saklaň: siz iş ýüzünde deň durýan garşydaşlaryň, Hudaýyň
we iblisiň garşy durmaklarynyň pidasy däl. Hudaý iblisden çäksiz
üstün gelýär: Ol ähli zady başarýan, bilýän we ýetişýän. Siz hem Onuň
tarapynda. Elbetde, erbetligiň we günäniň köp bolmagy kä halatda
Hudaýyň barlygyndan üstün gelýän ýaly, emma bu ýalan täsir. Bu
arwahyň nobatdaky ýalany. Iblis Mesih tarapyndan ömürlik ýeňlen.
Edil şonuň üçin hem biz Hudaýa baş egýäris; iblisiň ýalanyna garşy
durmak üçin biz öz öňümizde Onuň Hudaýlyk şahsyny görmek isleýäris.
Hudaý barada hakykaty we biziň Mesihdäki mirasymyzy bilmek –
psihiki saglygyň girewidir. Tersine, Hudaýa ters düşünmeklik we iblisiň
güýjünden gorky – psihiki gaýralaşmagynyň sebäpleriniň esasydyr.
Bu bölümde men özümiz üçin Mesihiň haçda gazanan azatlygyny
almak üçin geçmeli boljak ýedi basgançagy sanap geçmekçi. Bu
basgançaklary siziň özüňiz geçmeli – muny size derek kimdir biri ýerine
ýetirer diýip, siz pikir etmäň. Siz nädogry pikir we hereket edendigiňiz
sebäpli azatlygyňyzy ýitirdiňiz. Görşüňiz ýaly diňe ýalňyşlary düzetmek
arkaly ýitirilenleri gaýtaryp getirmek bolar; ynanmak, toba etmek,
bagyşlamak, günäden el çekmek we Hudaýa bil baglamak gerek. Paýhas
ugrundaky söweşde ýalandan çyny, ynamsyzlykdan ynamy saýlap alan
wagtyňyzda, ýeňip bilersiňiz.
Azat bolmagyň basgançaklaryny geçmek bilen, ýatda saklaň, iblis
siziň pikirleriňize boýun bolmaklyga borçly däldir. Şonuň üçin hem oňa
garşy durup, azat bolmak prosessinde dogany sesli okaň. (Ýak. 4:7).
Azat bolmak prosedurasy mesihi ynam taglymatynyň we ahlagynyň
we ahlagyň ýörelgesini özleşdirmekden hem gaýtalamakdan durýar.
Hatda siziň meseleleriňiz haýsydyr bir başga sebäp boýunça ýüze
çykanynda hem siz hiç zat ýitirmeýärsiňiz. Şeýle hem bu proseduradan
bütin dünýädäki mesihi gullugynda üstünlikli peýdalanylýar. Bu basgan­
çaklarda sizden talap ediljek iň bärki zat, mesihilik hakykatyny ýönekeý
gaýtalamak.
148
Gandaly döwýänçi
Azat bolmaklyga girişmezden öň (has dogrusy, başlamazdan öň)
aşakdaky berilýän dogany we deklarasiýany sesli okaň.
Doga
Gadyrly Gökdäki Atam! Men Seniň bütin ömrümdäki ýaly bu
ýerde we häzir barlygyňa ynanýaryn. Sen Ýeke-täk ähli zady
bilýäň, ähli zada hökmürowan we ähli ýere ýetişýän Hudaý.
Men özümiň Senden garaşlydygymy boýun alýaryn, sebäbi
men Mesihsiz hiç zat edip bilmerin. Men ähli ýerdäki we
Gökdäki ygtyýarlygyň ölümden direlen Mesihe berlendigine
ynanýaryn. Men Mesihdedigim sebäpli, okuwçylary terbiýe­
lemek we ýesirleri azat etmek üçin şol ygtyýarlyga eýe
bolýaryn. Saňa ýalbarýaryn, meni Öz Mukaddes Ruhuň bilen
doldur we muny her bir hakykata ugrukdyr. Meni gora we
dogry ýola sal. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn
Deklarasiýa
Hudaýyň perzendi bolmak we Mesih bilen Gökde ýerleşmek
bilen Isa Mesihiň hökümi hem ady bilen men iblise we
onuň erbet ruhlaryna meni boşatmagyny buýurýaryn,
sebäbi men Hudaýyň erkini bilmek we döretmek isleýärin.
Men bedenimi diriligine Hudaýa ýalkanyş işleri üçin
gurban berýärin. Özümiň iblis ýalanyndan we fiziki gorkuz­
malardan gorkmaýandygymy mälim edýärin. Men –
Hudaýyň perzendi we adamzat urugynyň duşmany maňa
galtaşyp bilmez.
1-nji basgançak. Hakyky we ýasama
Mesihde azat bolmaklyga ilkinji ädim bu öňden gelýän, bar bolan
iblisiň ruhy taktikasyndan, okkultizmden ýa-da ýalan dinden ýüz
öwürmekdir. Isa Mesihiň ynamyna esaslanmadyk Hudaýyň Sözüniň
aňrybaş abraýy bilen berkidilmedik islendik hereketde işjeň çykyş
etmekden ýüz öwürmelidir. Mesihiler öz hereketini açyk görnüşde
alyp barmakdan ýüz öwren toparlarda ýa-da birleşmede durmaly
däldirler. „Ondan eşiden we size yglan edýän habarymyz şudur:
Hudaý nurdur, Onda hiç hili garaňkylyk ýokdur. Biz Onuň bilen
Mesihde erkinlige tarap ýol
149
şärikçiligimiziň barlygyny aýdyp-da, garaňkylykda gezýän bolsak,
onda ýalan sözleýändiris, hakykaty berjaý edýän däldiris. Onuň nurda
bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen
şärikçiligimiz bardyr, Onuň Ogly Isanyň gany bizi hemme günälerden
tämizleýändir“ (1 Ýahýa 1:5‑7). Eger-de şol guramalaryň ýolbaşçylary
agzalaryň geregine kömek etmegiň deregine olaryň bütinleý boýun
bolmagyny sorasa, onda olardan ýüz öwrüň.
Irki ybadathanalarda ynamyň nyşany hökmünde şu aşakdaky sözleri
girizmeklik kabul edildi: „Iblis, men seniň özüňden we işleriňden el
çekýärin“. Katolik, prawoslaw we beýleki liturgiki ybadathanalar şu
günki günlerde hem konfirmasiýada we çokundyrmakda şol sözleri
ulanýarlar. Geň ýagdaý bolup, ol sözler Hoş Habar ybadathanalarynda
ulanyşdan galdy. Siz diňe bir hakykaty saýlaman, eýsem iblisden we
onuň ýalanyndan ýüz öwürmeli. Hakykat bilen ýalanyň arasynda hiç
hili barlyşyk bolup bilmez. Isa aýtdy: „Meniň bilen bile bolmadyk Maňa
garşydyr, Meniň bilen bile ýygmadyk dagadar“ (Luka 11:23); „Men
– ýol, hakykat we ýaşaýyşdyryn, Mensiz hiç kim Ata baryp bilmez“
(Ýahýa 14:6). Bu ýeke-täk ynamly ýolda pikirlenmegiň darlygy ýok-da,
ynamyň berkliginiň bardygyna düşünmek gerek.
Mesihiligiň ýerini tutmaga çalyşýan medeniýete we dinlere baha
bermekde, ilki bilen olaryň Isa Mesihiň şahsyna düşünişlerine üns bermek
gerek. Pawlus şeýle ýazýar: „Emma ýylanyň How enäni kezzaplyk bilen
aldaýşy ýaly, siziň hem pikirleriňiz bozulyp, Mesihde bolan sadalykdan
aýrylarmykan diýip gorkýaryn. Çünki biri gelip, biziň wagyz edenimizden
başga Isany wagyz edip-de, alanyňyzdan başga ruhy alsaňyz ýa kabul
edeniňizden başga Hoş Habary kabul etseňiz, muňa gowy çydarsyňyz“
(2 Korintoslylar 11:3, 4).
Başga dinler Mesih barada aýdýarlar, emma Ony Hoş Habardaky
suratlandyrylyşy ýaly göz öňüne getirmeýärler. Olaryň bary Ony Messia,
Alfa ýa-da Omega, beýik Men Biribar däl-de, taryhy şahs hökmünde
atlandyrýarlar. Emma Isa bize şeýle duýdurýar: „Munuň üçin Men size
«günäli ölersiňiz» diýdim, çünki Meniň Biribardygyma iman etmeseňiz,
günäli ölersiňiz“ (Ýahýa 8:24). Siz Hudaýyň Sözünde suratlandyrylana
däl-de, başga Isa ynansaňyz, onda siz Mukaddesi däl-de, başga ruhy
edinersiňiz. Şeýle hem size öwredilen Hoş Habar ýalkanyşly Hoş Habar
bolmaz.
Öz geçen tejribäňize baha bermeklik size ýeňil düşer ýaly, „Goşmaça
kömek“ bölüminden „Okkult praktikasynyň, sektalaryň we mesihi däl
150
Gandaly döwýänçi
dinleriň görnüşleri“ atly anketany dolduryň. Ol ýerde berilýän sanaw
gutarnykly däl, emma ol size „mesihi däl ruhy döredijilik“ barada doly
düşünje berer. Bu basgançagy geçeniňizde şu dogany okaň:
Mähriban Gökdäki Atam! Saňa ýalbarýaryn, meniň ýüregimi
we aňymy gora. Maňa öz erkime ýa-da bilmezden okkultizm
bilen, ýalan din ýa-da ýalan mukaddeslik bilen bagly bolan
ýerimi görkez. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
Rebbiň siziň ýadyňyza salanlaryny ýazyp alyň. Sanawyň doludygyna göz
ýetirip, her ýagdaý üçin aýratyn doga okaň.
Reb, men bilýärin, men goşuldym.
Meni bagyşla, sebäbi men bilýärin, hakyky
mesihilige hiç hili dahyly ýok.
Eger siz köp sanly Mesihe garşy guramalarda bolanyňyzy boýnuňyza
almaly bolsaňyz, utanmaň. Bu ýerde geň zat ýok, sebäbi häzirki wagtda
ýer ýüzi okkultizmden, ýalan dinlerden we ýalan dindarlardan püre-pür
boldy. Maňa sanawda görkezilen guramalaryň deň ýaryna gatnaşan
adamlar bilen duşuşmak miýesser boldy.
Köp sanly adamlarda şol guramalarda bolandygyna ýa-da bolman­
dygyna şübhe döreýär. Men şol guramalarda haýsydyr bir ýakyn adamyň
bolandygyny hem boýnuňa almak gerek diýip hasap edýärin. Siz özüňiz
bilmezden şeýle adamyň täsiri bilen şeýtanyň alnyna giden bolmagyňyz
mümkin.
Bir ýaş aýal maşgala maňa „ýöne ýoldaş bolmakdan“ ejesi bilen
ekstrasense barandygyny we halypa — ruhy edinendigini habar berdi.
Öň Hytaýda Hoş Habarçy bolan adam özüniň bu ýerde adam jaýlamak
dessuryna gatnaşyp, aýakgabyny çykarandygy barada aýdyp berdi. Bu
köp sanly gündogar dinlerinde baş egmekligi aňladýar. Edil şol gije iblisler
oňa doga okamakda päsgel berdiler. Meniň çykyşlarymyň ýazgysyny
diňläp, başga dini dessura gatnaşanyna ökündi we şeýtan­lara özüni ýeke
galdyrmaklaryny buýurdy. Olar muňa boýun bolmaly boldular.
Bu basgançagy geçmekde aýgytly iblis garşylyklary, goý, sizi geň
galdyrmasyn. Meniň leksiýalarymyň birine gelen mormon aýal içki
sesiniň bu ýygnakdan gitmegini dyngysyz talap edýändigini aýtdy. „Bu
edil şol meniň diýýän adamym“ – diýip, içki ses tutanýerli gaýtalaýardy.
Mesihde erkinlige tarap ýol
151
Ol ony diňlemedi we galdy. Mesihde halas bolup, ol bütin maşgalasyny
meniň ýanyma getirdi. Iblis sizi goýbermek islemeýär we ol siziň halas
bolmagyňyza päsgel berer.
2 -nji basgançak. Ýalan we çyn
Hakykata ilki bilen açyklykdan, has dogrusy Hudaýyň Sözünde göz
ýetirilýär, emma ol adamyň wyždanynda-da bolýar. „Ine, Sen ýürekde
hakykat isleýärsiň we içimde maňa akyldarlyk öwredýärsiň“ (Zebur
51:6). Günäde ýaşamak bilen Dawut güýçli ejir çekdi. Ol haçanda özünde
hakykata göz ýetirmäge güýç toplanynda halas boldy we şeýle sözleri
ýazdy: „Reb tarapyndan günäsi hasaba alynmaýan adam we ruhunda
hile ýok adam nähili bagtly!“ (Zebur 32:2); Biz özümizden ýalany aýryp,
söýgüde hakykaty sözlemelidiris (Efesl. 4:15, 25). Dünýä hakykat gözi
bilen seredýän we öz arkaýynlygyny saklap bilýän adam psihiki sag
adamdyr. Ýalandan ýüz öwüren we özüne hakykaty açan mesihiler üçin
bu iki häsiýet hemişe ýoldaş bolmalydyr.
Bu basgançagy geçmekligi şeýle dogany sesli okamak bilen başlalyň:
Gadyrly Gökdäki Atam! Men özümiň hakykata göz
ýetirmegimiň Seniň üçin oňatdygyny bilýärin. Hakykata göz
ýetirmek, bu azatlyga barýan ýoldur (Ýahýa 8:32). Men
özümiň ýalanyň atasy tarapyndan aldanandygymy (Ýahýa
8:44) we azaşandygymy boýun alýaryn. Men Reb Isa Mesihiň
ady bilen Saňa sygynýaryn we Seniň Isa Mesihiň gany we
Direlmegi bilen menden ýoldan sowýan azdyryjy ruhlary
kowmagyňy soraýaryn. Men iman bilen Seni kabul edenim
üçin (Efesliler 2:6) we indi Mesih bilen bile Gökde mekan
tutanym üçin, men ähli azdyryjy ruhlaryň menden gitmegini
talap edýärin. Men Mukaddes Ruhuň meni her bir hakykata
gönükdirmegini dileýärin (Ýahýa 6:13). Saňa ýalbarýan, „Eý,
Hudaý, meni barla-da, ýüregimi bil, meni syna-da, pikirlerimi
bil; Gör, mende erbet ýol bar bolsa, meni ebedi ýola sal“
(Zebur 139:23, 24). Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
Eger siz köp ýyllap ýalançylykda ýaşan bolsaňyz, hakykatyň hatyrasyna
saýlaw etmek ýönekeý zat däl. Şol döwürde özüňizde peýda bolan psihologiki
152
Gandaly döwýänçi
goraýjy mehanizmlerden dynmak üçin size mümkin, professional maslahat
gerek bolar. Mesihilere ýeke-täk „goraýjy mehanizm“ – Isa Mesih gerek.
Özüňiziň bagyşlanandygyňyza we Hudaýyň perzendidigiňize ynam size
durmuşyň ýüzüne göni garamaga güýç berýär.
Ýalan – iblisiň iň ýaýran we howply ýaragydyr. Haýsydyr bir zada
agyryly endikden ejir çekýän adamyň özüne we başgalara hemişe
ýalan sözleýändigini siz görüpmidiňiz? Arakhorlar içgä degişlilikde,
neşekeşler neşä, zyna azgynlary özüniň garşydaş jynsdan bolanlara
gatnaşykda ýalan sözleýärler. Ýalan – bu awtory ýalanyň atasy bolup
durýanyň goraýjy mehanizmidir (Ýahýa 8:44). Bir ruhany maňa özüniň
ybadathanadaky öňki serhoşlar toparynyň özleri üçin şeýle şygary saýlap
alandyklaryny aýtdy: „Sizi bu sesleri eşitmeklik bizar etmedimi?“
(Iblis sesleri göz öňünde tutulýar). Serhoşlaryň anonim ýygnagyna
gatnaşsaňyz, öz aňyňyzda „sesleriň sazlaşygyna“ diň salmagyň näçe
howpludygyna göz ýetirersiňiz. Iblisiň ýalany islendik erbet endigiň
esasyny düzýär. Gynansakda, şeýle imrinmegiň ruhy tarapyny köplenç
bahalandyrmaýarlar.
Ynam – hakykata bolan Injil jogabydyr. Hakykata ynanmak üçin
aňly-düşünjeli çykalga tapmaly. Haçanda kimdir biri „Meniň ynanasym
gelýär, ýöne başarmaýaryn“ diýse, ol aldanýar. Hudaýa islendik adam
ynanyp biler. Ynam üçin erkiň gaýraty gerek. Hakykat biziň oňa
ynanýandygymyz üçin hakykat bolmaýar, biz oňa ol hakykat bolany üçin
ynanýarys. „Täze Asyr“ hereketiniň tarapdarlary we material ýalkanyşy
almagy maksat edinen mesihiler ynam hakykaty döredýär diýip hasap
edýärler. „Özüňe näme gerekdigini karar et we şony hem ynam bilen
talap et“ diýip, olar aýdýarlar. Emma ynam hakykaty döretmeýär;
ol eýýäm bar bolan hakykata jogapdyr. Kimdir birine ýa-da nämedir
bir zada ynanmak ýönekeý zat däl. Siziň ynanan zadyňyzyň hakyky
bolmagy möhümdir. Bolmasa siziň ynamyňyz ýalan bolar we hökman
siziň durmuşyňyzda öz ornuny tapar.
Siziň ynamyňyz öz ynanýan zadyňyzy näçeräk bilýän bolsaňyz,
şonçarak berkdir. Eger siz Hudaý we Onuň Sözi barada näçe az bilýän
bolsaňyz, şonça-da ynamyňyz azdyr. Öz bilmeýän zadyňa ynanmaga
çalyşmaklyk – bu öz çaklamalaryňa ynanmakdyr. Eger diňe öz duýýan
zatlaryňa ynansaň, onda seniň durmuşyňy duýgularyň alyp gider. Emma
hakykatyň ýoluna syýahat Hudaýyň Sözüniň hakykatyndan başlanýar.
Hakykata ynanyň we oňa ynamda ýaşaň – şonda siziň duýgularyňyz we
pikirleriňiz deň geler.
Mesihde erkinlige tarap ýol
153
Taryhy tarapdan ybadathanalara öz ynamlaryny, ynamyny ile
ýaýmaklyk örän gerek bolupdyr. Resullyk we Nikeý nyşanlary ybadathana
tarapyndan asyrlar boýy jar edilip gelnipdir. Aşakda şu kitapdaky
taglymata degişlilikde, ynamyň häzirki zaman nyşany berilýär. Ony sesli
okaň. Ony her gezek hakyky ynam taglymatynyň esasy düzgünlerini
ýadyňyzda täzeden gaýtalamaly bolanyňyzda şeýle ediň. Men ony her
gün aýratyn hem şahsy ruhy gapma-garşylyklary çözmeli wagtyňyz
okamagy maslahat berýärin.
Ynamyň nyşany
Men diňe ýeke-täk hakyky we janly Hudaýyň barlygyny
boýun alýaryn (Çykyş 20:2, 3), üç Şahsyýetde hereket edýär:
Ata, Ogul we Mukaddes Ruh. Ol her bir hormata, şöhrata
we sežde etmeklige mynasyp, sebäbi Onuň üsti bilen ähli zat
ýaradylan we Ol arkaly biz ýaşaýarys (Ylham 4:11; 5:9, 10;
Çykyş 43:1, 7, 21). Ol ähli bar zadyň başlangyjy we soňy.
Men Isanyň Mesihdigine Messiýadygyna ynanýaryn. Ol –
Söz, biziň aramyzda ten bolup ýaşady (Ýahýa 1:1, 14). Men
Onuň iblisiň işlerini dargatmak üçin gelendigine ynanýaryn
(1 Ýahýa 3:8). Ol ýolbaşçylaryň we häkimleriň elinden
güýçlerini alyp, olaryň üstünden höküm sürdi we olary
masgaralady (Kolos. 2:15).
Men Mesihiň günäli wagtymda meniň günälerim üçin gurban
bolup, maňa Hudaýyň söýgüsini subut edendigine ynanýaryn
(Riml. 5:8). Men Onuň özümi garaňkylykdan çykaryp, Özüniň
patyşalygyna getirendigine ynanýaryn (Kolos 1:13, 14).
Men özümiň indi Hudaýyň perzendidigime (1 Ýahýa 3:1‑3)
we Mesih bilen bile Gökde mesgen tutandygyma ynanýaryn
(Efesl. 2:6). Men ynam boýunça Hudaýyň merhemeti bilen
halas boldum. Bu meniň hyzmatlarymyň netijesi däl-de,
sowgat (Efesl. 2:8).
Men Rebde Onuň güýjüniň kuwwatynda güýçli bolmagy karar
edýärin (Efesl. 6:10). Men tene bil baglamaýaryn (Filip. 3:3),
154
Gandaly döwýänçi
sebäbi meniň ýaragym ten ýaragy däl (2 Korintos. 10:4). Men
Hudaýyň ähli ýaragy bilen ýaraglanýaryn (Efesl. 6:10‑17),
ynamda berk durmak islegi bar we iblisiň çozuşyna garşylyk
görkezmekçi.
Men Isanyň ýerde we gökde ähli ygtyýarlyklarynyň bardygyna
(Matta 28:18) we Onuň ähli häkimiýetleriň we hökümdarlygyň
Başydygyna ynanýaryn (Kolos. 2:10). Men şeýtanyň we
onuň ýaranlarynyň maňa boýun bolýandyklaryna ynanýaryn,
sebäbi men Mesihiň Bedeninde ýaşaýaryn (Efesl. 1:19‑23).
Şonuň üçin hem iblise garşy durmak wesýetini berjaý edýärin
(Ýakup 4:7) we Mesihiň ady bilen onuň menden çekilmegini
buýurýaryn.
Men Mesihsiz hiç zat edip bilmejekdigime ynanýaryn
(Ýahýa 15:5). Men ruhuň miweleri bilen dolmak we Rebbi
şöhratlandyrmak üçin Mesihde bolmakçy (Ýahýa 15:8). Men
iblise öz Rebbimiň – Isa Mesihdigini aýdýaryn (1 Korintos.
12:3), şonuň üçin hem men çeşmesi iblis bolan islendik
sowgatlardan we işlerden ýüz öwürýärin.
Men özümi hakykatyň halas etjekdigine ynanýaryn (Ýahýa
8:32). Aragatnaşygyň ýeke-täk ýoly ýagtylykda gezmekdigine
göz ýetirdim (1 Ýahýa 1:7); men her bir pikiri Mesihe
gönükdirmegi maksat edinýärin (2 Korintos. 10:5) we şonuň
bilen hem iblisiň ýalanyna garşy durmakçy. Men Mukaddes
Kitabyň durmuşda salgylanmak üçin ýeke-täk abraýly ýol
görkezijidigine ynanýaryn (2 Timoteos 3:15‑17). Söýgüde
hakykaty sözlemegi ýüregime düwýärin (Efesl. 4:15).
Men öz tenimi dogrulyk guraly edip, diri we mukaddes
gurbany hökmünde Hudaýa hödürlemekçi, şeýle hem Hudaýyň
halaýan, oňat, kämil isleginiň nämedigini aňlar ýaly, öz
pikirimi diri Hudaýyň Sözi bilen täzelemekçi (Riml. 6:13;
12:1, 2).
Men Gökdäki Atadan özümi Mukaddes Ruhdan doldurmagyny
haýyş edýärin (Efesl. 5:18), meni hakykata gönükdirmegini
Mesihde erkinlige tarap ýol
155
(Ýahýa 16:13) we maňa ten höwesiniň ugruna gitmän,
günäsiz ýaşamaga güýç bermegini dileýärin (Galat. 5:16).
Men Mukaddes Ruha görä ýaşamak üçin (Galat. 5:24) ten
höwesini depýärin.
Men esasy maksat hökmünde söýgi bildirmegi saýlap, ähli
ulumsy maksatlardan ýüz öwürýärin (1 Timot. 1:5). Men iň
esasy wesýete – bütin ýüregim we aňym bilen Reb Hudaýy
söýmeklige we ikinji wesýet bolan ýakynyňy özüň ýaly
söýmeklige boýun bolýaryn (Matta 22:37‑39).
3-nji basgançak. Gazaplanmak ýa-da bagyşlamak
Mesihiler tarapdan iblise iň köp ýol bermeklik gazaplanmak (bagyşlamak
islemezlik) sebäpli bolup geçýär. Hudaýyň Sözi biziň iblisden köp zyýan
çekmezligimiz üçin biri-birimizi bagyşlamaklygy duýdurýar (2 Korintos.
2:10). Hudaý bize biri-birimizi ýürekden bagyşlamaklygymyzy talap
edýär, ýogsam Ol bizi gynaýanlaryň eline berer (Matta 18:34, 35).
Näme üçin bagyşlamaklyk Hudaý üçin şeýle wajyp? Sebäbi Ol haçda
bize mynasyp bolmadyk zadymyzy berdi, Ol biziň mätäç, emma
özümiziň gazanmadyk zadymyzy berdi. Şonuň üçin hem biz Gökdäki
Ata meňzeşlikde rehimdarlyk etmeli (Ýahýa 6:36). Biz edil Mesihde
bagyşlanyşymyz ýaly bagyşlamaly (Efesl. 4:31, 32).
Bagyşlamak – bu unutmaklyk däl. Haýsydyr bir zady unutmak
isleýän adamlar unudyp bilmejekdiklerine göz ýetirýärler. Hudaý bize
„günäleriňizi ýada salmaryn“ diýýär (Ýewreýl. 10:17), emma Ol ähli
zady bilýändigi üçin olary unudyp bilmez. „Ýada salmaryn“ diýmeklik
geljekde geçmişdäki günäleri „ýatlamaryn“ diýmekdir (Zebur 103:12).
Unutmak bagyşlamagyň soňy bolup biler, emma tersine bolup bilmez.
Eger biz kimdir birini geçen günälerinde günäkärlesek, onda biz ony
bagyşlamadyk.
Bagyşlamak bu aňly-başly çykalga, ygtybarly karar. Eger Hudaý
bizden bagyşlamagymyzy soraýan bolsa, onda biz şony berjaý etmeli,
sebäbi Ol bizden bolmajak zady talap etmeýär. Emma munuň biziň
adyllyk baradaky düşünjämize ters gelýändigi sebäpli bagyşlamak kyn.
Biz göwnümize deglendigi üçin, şol wagt ar almagy isleýäris. Hudaýyň
Sözi bolsa bize ar almagy Hudaýa tabşyrmagy buýurýar (Riml. 12:19).
156
Gandaly döwýänçi
„Emma näme üçin kine çekmeli?“ diýip, biz düşünmezlikden soraýarys.
Ýok, siziň göwnüňize degen jezasyz galdyrylmaz, emma ony siz däl-de,
Hudaý berjaý eder.
Eger-de siz göwnüňize degeni bagyşlamasaňyz, onuň ýetiren öýkesini
her gezek ynjyly ýatlamaly bolarsyňyz. Emma bagyşlamazlygyň ýapyk
töweregini açmak bilen ynjydan dynmak bolar. Siz diňe göwne degen
adamyň hatyrasyna bagyşlamaýarsyňyz. Siz muny özüňiz üçin hem
edýärsiňiz. Bagyşlamaklygyň zerurlygy siziň bilen göwnüňize degen
adamyň gatnaşyklaryndan gelip çykman, eýsem ol siziň Hudaý bilen
gatnaşyklaryňyzdan gelip çykýar.
Bagyşlamaklyk – başga bir adamyň eden günäsiniň soňundan gelip
çykjaga siziň taýýarlygyňyzdyr. Şeýlelik bilen bagyşlamaklyk ýeňil iş
däl: biz başganyň eden erbetligi üçin töleýäris. Emma başganyň eden
günäleri sebäpli gelip çykan näsazlyklar bilen isleseňiz-islemeseňiz
ýaşamaly bolarsyňyz. Size diňe saýlamak galýar: gazapda ýaşamalymy
ýa-da bagyşlamak bilen azatlykda. Edil şeýle edip, Isa biziň günälerimizi
Öz üstüne alyp, bizi bagyşlady. Islendik hakyky geçirimlilik ejir
çekdirýär, sebäbi özgäniň günäsiniň iň bolmanda azajyk bölegini özüňde
synap görmezden bagyşlamak bolmaz.
Biz näme üçin bagyşlaýarys? Sebäbi Isa bizi bagyşlady. Hudaý Ata
„Biz Oňa bagly bolup, Hudaýyň dogrulygyndan paý alar ýaly, Ol günäni
tanamaýan Mesihi biziň üçin günä gurbany etdi“ (2 Korintos. 5:21).
Şeýle bagyşlamaklyk dogrumy? Hawa, ol haç bilen aklanan: „Çünki Ol
ölen ölümini günä üçin bir gezek öldi, ýöne ýaşaýan ýaşaýşyny Hudaý
üçin ýaşaýandyr“ (Riml. 6:10).
Tüýs ýürekden bagyşlamak üçin näme etmeli? Ilki bilen özüňize
agyryly bolandygyny boýnuňyza almaly. Geçmişde özüňize agyr duýulan
zady ýatlamazdan doly bagyşlamaklyk bolup bilmez. Gynansakda, Hoş
Habarçy mesihiler özleriniň öýkelerini ýürekleriniň töründe gizlemek
bilen Hudaýa olary ýok etmäge ýol bermeýärler. Bagyşlamaklyk
açyk bolmaly. Özüňiziň kimleri bagyşlamalydygyňyzy ýatlatmagyny
Hudaýdan diläň. Soňra şu dogany sesli okaň:
Gadyrly Gökdäki Atam! Seniň ýagşylygyň, kaýyllygyň we
uzak çydamlylygyň üsti bilen men günälerimi toba etmäge
geldim we munuň üçin Saňa minnetdar (Riml. 2:4). Meniň
garşyma günä eden adamlara degişlilikde şeýle etmedigimi
boýun alýaryn. Muňa derek men öz ýüregimde gahary
Mesihde erkinlige tarap ýol
157
we öýke-kinämi sakladym. Meniň entek bagyşlamadyk
adamlarymy bagyşlamagym üçin olary ýadyma salmagyňy
dileýärin (Matta 18:35). Şeýle hem maňa özümiň kimleriň
öňünde günälidigimi görkez we eden etmişlerimi görkez
(Matta 5:23, 24). Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
Eger doga okaýan wagtyňyzda bir wagt ýadyňyzdan çykan adamlar
ýadyňyza düşse, geň galmaň. Meniň bilen işleşen adamlaryň 95 %-i
ene-atasyny ýatlaýar. Günäsi geçilmeklige mätäç ýene bir şahs, bu
„men“. Näme üçin? Sebäbi siz öz günäleriňizde Hudaýy günäkärläp
bilmejekdigiňize göz ýetireniňizde, siz özüňizi günäkärläp başlaýarsyňyz.
Öz göwnüňize degen adamlaryň sanawyny düzüň. Haç barada
oýlanyň. Şondan soň islendik bagyşlamak esaslydyr. Sebäbi Hudaý sizi
bagyşlady, siz hem bagyşlap bilersiňiz. Öz göwnüňize degenlere olaryň
günäsi barada indi hiç wagt ýatlamazlygy özüňize karar ediň, goý, ol
siziň haçyňyz bolsun. Bu günä ýol bermegi aňlatmaýar. Günä ýol bermek
ýa-da oňa göwnübir seretmek – bagyşlamak baradaky pikiriň üstünden
gülmek bolýar. Siz günä garşy durmaklyga çagyryldyňyz.
Özüňiziň bagyşlamagy islemegiňize garaşmaň, bu ýagdaýda siz hiç
wagt bagyşlamarsyňyz. Bagyşlamak duýgusy siz günä geçmegi we iblisi
kowmagy karar edeniňizden soň öz-özünden geler (Efesl. 4:26, 27).
Öz sanawyňyzy eliňize alyp, her bir adam barada aýratyn şeýle doga
okaň: „Reb, men (ady) (maňa ýetiren günäsi) üçin bagyşlaýaryn“. Siz „Reb,
maňa bagyşlamaga kömek et“ diýmäň, sebäbi siz Ondan eýýäm gerek
kömegiňizi alýarsyňyz. „Reb men ony we muny bagyşlamakçy“ diýmäň,
sebäbi siz anyk karardan sowlup geçýärsiňiz, ol siziň ygtyýaryňyzda
durýar. Tä özüňize ýetirilen agyry gidýänçä doga okamagyňyzy dowam
ediň. Doga okaýan wagtyňyzda Hudaý sizi bir wagtlar ynjydan we siziň
ýadyňyzdan çykyp giden adamlar we ýagdaýlar barada hem ýatlatmagy
mümkin. Oňa garşy gitmäň, sebäbi siz diňe agyryny aňmak we duýmak
bilen ondan azat bolup bilersiňiz. Maňa örän elhenç günäleri bagyşlan
adamlary görmek miýesser etdi we bagyşlamak olara örän kyn düşen
hem bolsa, gazanylan azatlyk yzgytsyzlykdan köp esse gowudy. Siziň
göwnüňize degen adamyň hereketlerine pikir ýöredip düşünjek hem
bolmaň. Bagyşlamak — siziň keseliňiziň dermany, ol başganyň eden
hereketiniň seljermesi däl. Şeýle hem şuny ýatda saklaň: oňat duýgular
hökman geler; iň esasy zat yza çekýän geçmişden dynmak.
158
Gandaly döwýänçi
4-nji basgançak. Ýanbermezlik we boýun bolmak
Biz ýanbermez ulumsy düşünjeli, öz üstünde ygtyýarly adamlary
seljermeklige hukuklary bar diýip ynanýan adamlaryň nesline degişli.
Mesihiler hem bu kadadan çykmaýarlar. Ybadathana gelýänler özlerini
toparlaýyn aýdymçylary we ruhanyny tankyt etmäge doly hakly adam
hasap edýärler. Eger bu bolmadyk bolsa, biziň durmuşymyz has oňat
bolardy, bize aýdymy seljermek däl-de, oňa baş egmek gerek. Ruhanyny
tankyt etmän, özümize üns bermegimiz gerek.
Hudaýa boýun bolmazlyk diňe betbagtçylyga getirýär. Reb, biziň
Goşun serkerdämiz, buýurýar: „Yzyma düzüliň we ýöräň. Men sizi ten
höweslerine alyp gitmerin we hilegärden sowaryn“. Emma biz boýun
bolmagy başarmaýarys we hatardan çykýarys. Haçanda iblis bize zyýan
ýetireninde, biz Hudaýy goramandygy üçin günäleýäris.
Şeýle hem biz ynsan häkimiýetlerine boýun bolmazlyk höweslerini hem
başdan geçirýäris. Emma Injil bilen baglylykda biz birinjiden, häkimiýet
başyndakylar üçin doga okamaklyga, ikinjiden olara boýun bolmaklyga
borçly. Hudaý biziň olara diňe haçanda olar Hudaý tarapyndan berlen
düzgünleri bozmagy talap edýän halatynda boýun bolmazlygymyza
rugsat berýär. Mukaddes Ýazgydan indiki ýagdaýlara serediň, olar siziň
üstüňizden häkimlik edýän adamlaryň öňündäki jogapkärçiliklieriňizi
anykladar: raýatlyk häkimiýetleriniň öňündäki (Riml. 13:1‑5; 1 Timot.
2:1‑4; 1 Petrus 2:13‑16); ata-enäniň öňündäki (Efesl. 6:1‑3); äriň öňündäki
(1 Petrus 3:1, 2); iş berijileriň öňündäki (1 Petr. 2:18, 21); ybadathana
ýolbaşçylarynyň öňündäki (Ýewr. 13:17).
Ynsan häkimiýetlerine boýun bolmak ynamyň ýüze çykmagydyr.
Hudaý tarapyndan düzgün bolan zatlara boýun bolmak bilen siz Hudaýyň
özüňiz baradaky aladalaryna jogap edýärsiňiz. Görnetin boýun bolmadyk
halatlaryňyz üçin Hudaýdan geçirim soraň we Onuň düzgünine boýun
bolýandygyňyzy jar ediň. Soňra şu dogany okaň:
Gadyrly Gökdäki Atam! Sen boýun bolmazlyk, jadygöýlük
ýaly, garşy gitmek bolsa bolgusyz zatlara çokunmak bilen
deň derejedäki günädigini aýtdyň (1 Şamuwel 15:23). Men
öz işim we sözüm bilen günä edendigimi boýun alýaryn.
Meniň boýun egmezligimi bagyşla we Mesihiň ganynyň güýji
bilen şeýtanyň ruhlaryndan meniň günämiň üsti bilen olaryň
Mesihde erkinlige tarap ýol
159
eýe bolan her bir ygtyýarlygyny al. Meniň ähli ýollarymy Öz
şöhläň bilen ýagtylt. Men öz boýun bolmazlygymyň möçberine
düşüneýin we kaýyl bolan ruhy hem hyzmatkäriň ýüregini
edineýin. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
5 -nji basgançak. Gedemlik we kaýyl bolmak
Gedemlik - bu ölüm. Gedem adam şeýle oýlanýar: „Men ähli zady özüm
edip bilýärin. Men islendik ýagdaýdan Hudaýyň kömegi bolmasa hem
baş alyp çykyp bilýärin“. Bu ýalan. Biz tutuşlygymyza Hudaýa bagly
we biri-birimize mätäç. Pawlus şeýle ýazýar: «Çünki çyn sünnetliler,
Hudaýa Ruhda gulluk edýän, Mesih Isa bilen magtanýan, bedene ynam
etmeýän bizdiris» (Filip. 3:3). Kaýyl bolmak – ýerlikli ynam. Ýakup
4:6‑10-da we 1 Petrus 5:1‑10-da gedemlik we kaýyl bolmak barada
ýazylanlary okaň. Bu böleklerden görnüşi ýaly, ruhy gapma-garşylyk
gedemligiň netijesidir. Lýusiferiň gökden gaçmagyna hut gedemlik
sebäp boldy. Kaýyl bolup ýaşamaklygy isleýändigiňizi aňladyp, şu
dogany okaň:
Gadyrly Gökdäki Atam! Sen „Heläkçilikden öň tekepbirlik
gelýändir we ýykylmadan öň ulumsy ruh gelýändir“ diýdiň
(Süleýmanyň pähimleri 16:18). Men özümden ýüz öwürmän­
digime we öz haçymy her gün göterip, Seniň yzyňa eýer­
mändigime göz ýetirdim (Matta 16:24). Edil şonuň üçin hem
meniň durmuşyma şeýtan aralaşdy. Men Sensiz özümi bagtly
hem eşretli durmuşda ýaşap bilerin diýip hasapladym. Men
Seniň öňüňde günä etdim, sebäbi öz islegimi Seniňkiden ilerde
goýdum we öz islegim boýunça ýaşadym. Men häzir durmuşa
bolan gedem gatnaşykdan ýüz öwürýärin we şeýlelik bilen
iblise öz bedenime aralaşmagyna ýol bermeýärin. Olar meniň
üstümden edýän islendik agalygyndan mahrum bolýarlar.
Maňa öz gedemligimde we şöhratparazlygymda hiç zat
etmezim ýaly we özgeleri kaýyllyk bilen özümden ýokary
tutar ýaly kömek et (Filip. 2:3). Maňa başgalara gulluk
etmegim üçin söýgi ber (Riml. 12:10). Isa Mesihiň ady bilen.
Omyn.
160
Gandaly döwýänçi
Öz dogalaryňyzda meýilleriňizi aýdyp, Hudaýa gulak asyň. Goý, Ol
size durmuşyňyzdaky aýratyn gedemlik eden ýerleriňizi görkezsin. Ine,
birnäçe bolup biläýjek meýiller:
 Hudaýyň islegine garanda, öz islegim boýunça has köp hereket edýärin.
 Hudaýyň kömegine garanda, öz güýjüme has köp daýanýaryn.
 Käwagt meniň pikirlerim we hyýallarym öz göwnüme beýlekileriňkiden
oňat duýulýar.
 Özüme gözegçilik etmegime derek, başgalara gözegçilik edýärin.
 Käwagt özümi başgalardan has wajyp hasaplaýaryn.
 Özümiň hiç hili talaplarym ýok diýip pikir etmeklige ýykgyn edýärin.
 Öz ýalňyşyňy boýnuňa almagy kyn görmek.
 Hudaýa derek adamlara has köp ýaranmak.
 Öz gazanan baýragyňy almaklyga diýseň uly isleg.
 Jemgyýetde öz ýagdaýyňa dereje almak islegi.
 Başgalara garanda öz-özüňe has kaýyl hökmündäki düşünje.
 Öz-özüňi götergilemegiň başga görnüşleri.
 Ulumsylygyň her bir görkezilen ýagdaýy üçin aýratyn doga okaň:
Reb, men özümiň görkezen gedemligime ökünýä­
rin. Haýyş edýän, munuň üçin meni bagyşla. Men Seniň öňüňde
kaýyl bolup gezmekçi we diňe Saňa bil baglamakçy. Omyn.
6-njy basgançak. Ruhy ýesirlik ýa-da ruhy azatlyk
Indiki basgançakda biz endik edilen günälere garşy göreşmekçi.
Endik edilen günäleriň topbagyndan çykmaklary zerur bolan adamlara
(günä – toba etmek; günä – toba etmek we ş.m) resul Ýakubyň
görkezmelerinden peýdalanmak gerek: „Şypa tapar ýaly, günäleriňizi
biri-biriňiziň ýanyňyzda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga ediň. Dogry
adamyň yhlasly dogasy gaty güýçlüdir“ (Ýakup 5:16). Özüňize doga
bilen goldaw berjek ýalkanyş alan adamy tapyň we oňa öz eden
günäleriňiziň üstüni açyň. Başgalara belki Ýahýanyň birinji hatyndaky
sözleri ýatlamak gerek bolar: „Günälerimizi boýun alsak, Ol ynamdar,
adyldyr. Günälerimizi öter, bizi her hili ýamanlykdan arassalar“
(1:9). Günäňiň üstüni açmak bu „bagyşla“ diýmekligi aňlatmaýar, ol
öz eden hereketiňi boýnuňa almagy aňladýar. Siziň başga birinden
Mesihde erkinlige tarap ýol
161
kömege garaşýandygyňyza ýa-da Hudaýyň öňünde jogapkärçiligiňize
garamazdan şeýle dogany okaň:
Gadyrly Gökdäki Atam! Sen bize ten höwesiniň yzyna düşmän,
Isa Mesihe bil baglamagy tabşyrypdyň (Riml. 13:14). Men
öz kalbymyň garşysyna uruş alyp barýan ten höwesine ýol
berendigimi bilýärin (1 Petrus 2:11). Men Saňa Isa Mesihde
ähli günälerimiň geçilendigi üçin minnetdar, emma meniň
agzalarymdaky söweş edýän ten höweslerine maýyl bolup, men
Seniň mukaddes kanunyňy bozdum (Riml. 6:12, 13; Ýakup
4:1; 1 Petrus 5:8). Men Seniň huzuryňa özümi tämizlemegiň
üçin gelýärin (1 Ýahýa 1:9) we meni günä gulçulygyndan
azat etmegiňi isleýärin.
Saňa ýalbarýaryn, meniň Mukaddes Ruhy gynandyryp, Seniň
garşyňa eden günälerimi görkez. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
Ten höwesiniň işleri köp. Galatýalylara ýazylan haty açmagy we olar
size degişli bolsa, onda görkezilen aýratyn ten höwesleri barada doga
okamaklygy maslahat berýärin (5:19‑21).
Siz öz ölümli teniňizde günäniň şalyk sürmegine ýol bermeli dälsiňiz
we öz synalaryňyzy ýalkanyşsyz işlere baş goşdurmaly dälsiňiz (Riml.
12:13). Eger siz jynsy häsiýetdäki günälere garşy söweşýän bolsaňyz
(zyna suratly şekillere höwes, masturbasiýa, tötänleýin gatnaşyklar we
ş.m) ýa-da nikada jyns gatnaşyklarynda kynçylyklar bar bolsa, onda şeýle
doga okaň:
Reb, haýyş edýän, maňa jyns gatnaşyklarymyň nädogrulyk
ýaragyna öwrülen ýerleriniň ählisini görkez. Isa Mesihiň ady
bilen. Omyn.
Rebbiň siziň garşyňyza edilen ýa-da siziň görnetin eden jyns
gatnaşyklaryndaky günäleriňizi (zorlamak, gan düşerleriň bilen
gatnaşykda bolmak we ş.m) ýatlatmagy boýunça olaryň sanyna görä
hersi üçin aýratyn toba ediň:
Reb, toba edýärin (jenaýaty we onuň kim bilen bolandygyny
atlandyryň) we ony menden azat et.
162
Gandaly döwýänçi
Indi öz teniňizi Rebbe bagyşlaň:
Reb, men öz tenimiň ýalkanyşsyz işlerde ýarag bolmagyndan
ýüz öwürýärin. Meniň boýun bolmazlygym sebäpli we munuň
netijesinde iblisiň meniň üstümden edinen ygtyýarlygyny al.
Men öz tenimi Saňa diri, mukaddes we müýnsiz gurbanlyk
hökmünde berýärin. Men jyns gatnaşyklaryny diňe maşgala
çäginde alyp barmagy niýet edinýärin. Iblisiň meniň tenimde
hapa we geçmişde eden günälerim sebäpli Seniň işleriňde
ýaramsyzdygy baradaky ýalanyny inkär edýärin. Reb, men
Seniň özümi doly bagyşlandygyň, tämizländigiň, söýýändigiň
we kabul edýändigiň üçin minnetdarlyk bildirýärin. Şonuň
üçin hem men özümi bagyşlaýaryn: men Seniň tämizlän
tenimi we özümi kabul edýärin.
A ýratyn günäler baradaky dogalar
Gomoseksuallyk (lesbiýanlary hem goşmak bilen)
Reb, men Seniň özümi ýa-da başga birini gomoseksual işler
üçin ýaradandygyň baradaky ýalany paş edýärin. Men
Seniň Öz Sözüňde adamlaryň arasyndaky gomoseksual
gatnaşyklary ýazgarýandygyňy bilýärin. Men Seniň özümi
aýal (erkek) edip ýaradandygyňy boýun alýaryn. Meni
başga adamlar bilen gatnaşyklarda azdyran iblisden
ýüz öwürýärin. Özümiň mundan bu ýana öz garşydaş
jynsymdan bolan adamlar bilen Saňa ýarajak gatnaşyk­
larda boljakdygymy mälim edýärin. Isa Mesihiň ady bilen.
Omyn.
Çaga düşürtmek
Reb, men özüme ynanylan durmuş üçin jogapkärçiligi alyp
bilmändigimi boýun alýaryn we günämi geçmegiňi soraýaryn.
Seniň bagyşlamagyňy kabul edýärin we özümi bagyşlaýaryn.
Senden meniň çagamyň bakylykdaky durmuşy barada alada
etmegiňi soraýaryn. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
Mesihde erkinlige tarap ýol
163
Özüňe kast etmeklige ýykgyn
Özüňe kast etmek bilen rahatlygy we azatlygy edinip boljak­
dygy baradaky ýalany bilýärin. Iblis – bogmak we öldürmek
üçin gelýän ogrudyr. Men Mesihdäki özümize artykmaçlygy
bilen berlen durmuşy saýlaýaryn.
Iýmitlenmekde düzgün bozmalar (horanlyk) we bilkastlaýyn beden
agzasyna zeper ýetirmeklik
Meniň özümi alyp barşym ýa-da nähilidigim Hudaýyň
nazarynda
gymmatymy
kesgitleýändigini
ýalan
hasaplaýaryn. Öz bedenime özüm kast etmek bilen
(özüňe bilkastlaýyn zyýan ýetirmek) ýa-da başga usullar
bilen erbetliklerden saýlanmaga synanyşyklardan ýüz
öwürýärin. Diňe Isa Mesihiň ganynyň menden günäni ýuwup
biljekdigine ynanýaryn. Günäniň mende iblisiň ýalanynyň
we meniň özümiň öz tenime nädogry garaýşymyň netijesi
hökmünde ýaşandygyny hakykat hökmünde kabul edýärin,
emma meniň özümiň ýa-da bedenimiň bir böleginiň erbetlige
degişlidigini inkär edýärin. Mesihiň meni şu bar bolşumda
kabul edýändigine ynanýaryn.
Zyýanly endikler
Reb, özümiň (içgide, çilim çekmekde, iýmekde, neşede we ş.m –
görkezmeli) öte geçendigimi boýun alýaryn. Munuň maksady
lezzet almak, şeýle hem durmuşdan gitmekdi; sebäpleri –
meniň günälerimden, aňymyň meýilleşdirilmeginden we Ruhy
öçürmekden gelip çykan agyr ýagdaýlardy. Men Senden
bagyşlamagyňy soraýaryn we erbet endiklerden gelip çykan
öz durmuşymdaky iblisiň bolmagyndan el çekýärin. Men
tutuş durkum bilen özümi söýýän Mesihe bagyş edýärin we
şundan soň öz erbet endiklerime däl-de, Mukaddes Ruha bil
baglajakdygymy mälim edýärin. Gökdäki Ata, haýyş edýän,
meni Öz Mukaddes Ruhuň bilen doldur. Isa Mesihiň ady
bilen. Omyn.
164
Gandaly döwýänçi
Ähli günäleriňiň üstüni açmak bilen şeýle doga okaň:
Ähli günälerimi açmak bilen men bagyşlanmagy we
arassalanmagy kabul edýärin, olar maňa Isa Mesihiň gany
bilen berildi. Men özümiň günälerde aňly-başly hereket
etmegimiň netijesinde erbet ruhlaryň maňa edýän ähli täsirini
aýryp zyňýaryn. Men muny öz Rebbim we Halasgärim Isa
Mesihiň ady bilen haýyş edýärin. Omyn.
7-nji basgançak. Öz ata-babalaryňyň günälerini bilmek we
olardan dynmak
Azat bolmaklygyň soňky basgançagynda öz ata-babalaryňyň eden
günälerinden ýuwulmak we size edilen islendik gargyşlary özüňden
aýyrmak gerek. On tabşyrykda şeýle aýdylan: „Özüň üçin ýokarda
gökde, aşakda ýerde ýa-da ýer asty suwlarda ýaşaýan zatlaryň hiç
birine meňzeş şekilde but ýasama. Sen olara tagzym etme ýa-da olara
gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni
ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we
dördünji arkasyna çekdirerin“ (Çykyş 20:4, 5). Iblis galyndysynyň bir
nesilden indiki nesle geçmäge ukyplydygyny ruhy gapma-garşylyklary
çözmäge kömek berýänler gowy bilýändirler. Mundan başga-da günäler
gen taýdan hem geçip ýa-da bozuk köpçüligiň täsirinden hem döräp
biler.
Öz maşgala toparyňyzda iblisiň mäkämligini ýykmak bilen garşylyga
garaşyň. Meniň okuwçylarymyň biri şu basgançagy geçeninde haýran
galmak duýgulary bilen:
„Akyla sygmajak zat“ – diýip, ol boýun aldy.
– Soňky doga okalýan wagtynda men özümiň gaçyp gitmezligim
üçin, oturgyjymdan gaýym ýapyşyp oturmaly boldum.
– Siziň öýüňizde ýagdaýlar nähili? – diýip, men soradym.
– Ejem psihikanyň mümkinçilikleri bilen gyzyklanýar. Ol bütinleý
„Täze Asyr“ guramasyna girişip gitdi.
Iblis uruşsyz öz ýerini bermek islemeýär we öz üstünden biziň
häkimlik etmegimize ýol bermejek bolýar.
Öň mormon ybadathanasyna gatnaýan aýal ýedinji basgançagy geçýän
wagtynda ony birden elhençlik gaplap aldy.
Mesihde erkinlige tarap ýol
165
– Näme boldy? – diýip, men aladaly soradym.
– Eýsem siz ony görmeýärsiňizmi?
– Kimi?
– Meniň merhum kakamy. Ol siziň arkaňyzda dur.
Men elbetde, gaňrylyp seretmedim, sebäbi ol öz göz öňüne getirýän
zadyny görýärdi.
– Siz ol barada bir zatlar aýdyp bermekçimi?
– Men onuň öňünde uly jogapkärçilik çekýärin.
Mormonlar özlerini maşgala agzalary üçin jogapkärçilikde diýip
hasaplaýarlar. Olar hatda öz ölen garyndaşlary üçin nikalaşýarlar we
çokunýarlar. Haçanda bu aýal erbet ruhlardan arany üzensoň we öz
mormon ynanjyny taşlanyndan soň, ol iblis täsirinden azat boldy.
Mormonlarda ata-babaňa sežde etmegiň aýratyn görnüşi bar. Meniň
talyplarymyň biri özüniň oňat görüşýän mormon gyzy barada gürrüň
berdi. Onuň ata-enesi öz maşgala şejeresini öwrenmek üçin SoltleýkSita gitdiler. Gitmezlerinden öň olar öz gyzlaryna olaryň ýoklugynda
seretmekleri üçin „ata-babasynyň ruhlaryna“ ýüz tutdular. Iblisler bu
çakylykdan uly şatlyk bilen peýdalandylar we gyza dumly-duşdan ruhy
taýdan çozuş etdiler. Ol gyz olardan meniň talybymyň kömegi bilen
Mesihi kabul edeninden soň dyndy.
Ogullyga alnan çagalar özleriniň hakyky ene-atasy sebäpli iblis täsirine
has köp duçar bolýarlar. Emma ogullyga alnan çaga hem Isa Mesihde
täze mahluk bolup biler. Ol öz köne galyndylaryndan berk ýüz öwürmeli
we öz mirasyny Hudaýyň perzendi hökmünde kabul etmeli.
Eger-de siz haçan hem bolsa bir wagt iblis dessurlarynda çykyş
eden bolsaňyz, onda size „goraýjy ruhuň“ ýa-da „ruh ata-enäniň“
goşmaça berlendiginiň mümkinçiligi uludyr. Bu gatnaşyklar edil
beýleki gan bilen baglanyşylan gepleşikler ýaly, Hudaýdan başga zat
bilen baglanyşdyrylanlary aýryp taşlamalydyr. Maňa iblis dessurynyň
pidasy bolan biri bilen düşünişmeklik tä men oňa „ruh-enäniň“ goşmaça
berlendigini anyklaýançam başa barmady. Diňe şol gatnaşyklary gyryp
taşlanymyzdan soň, biz beýleki meseleleri çözmäge girişdik. Eger siz
iblis dessurlarynyň pidasy bolan bolsaňyz, onda adamyň durmuşynda
iblisiň galyndylarynyň roly hakynda oňat düşünýän tejribeli maslahatça
ýüz tutuň.
Geçmişiň ters täsirlerinden azat bolmak üçin deklarasiýany we dogany
sesli okaň.
166
Gandaly döwýänçi
Deklarasiýa
Men hut şu ýerde we häziriň özünde ata-babalarymyň eden
günälerinden el çekýärin. Garaňkylyk patyşalygyndan
gutulmak we Hudaýyň patyşalygyna geçmek bilen men atababamdan geçip biljek iblis täsirini ýok diýip hasaplaýaryn.
Mesih bilen haça çüýlenmek we Onuň bilen Gökde ýerleşmek
bilen birlikde men özüme we gullugyma goşulýan şeýtan
täsirinden ýüz öwürýärin. Şeýle hem iblis we onuň gullukçylary
tarapyndan maňa berlen gargyşlary inkär edýärin. Şeýtana
men Mesihiň özüm üçin jezalandyrylandygyny aýdýaryn
(Galat. 3:13), Ol meniň günälerim üçin haçda gurban boldy.
Men iblis bilen islendik gatnaşykdan ýüz öwürýärin. Öz
mukaddes gany bilen meni gazanan Reb Isa Mesihe özümi
tutuşlygyma bagyş edýärin. Men özümi Isa Mesihe baky
berlen diýip yglan edýärin. Isa Mesihde bolan ygtyýarym
bilen men ähli erbet ruhlara, Reb Isa Mesihiň duşmanlaryna
menden yza çekilmegini buýurýaryn. Mundan bu ýana diňe
Onuň islegini berjaý etmek maksady bilen özümi Gökdäki
Atamyň eline berýärin.
Doga-dileg
Gadyrly Gökdäki Atam! Men seniň Isa Mesihiň gany bilen
gazanylan perzendiň. Sen älem-jahanyň Hudaýy we meniň
Hudaýym. Men öz bedenimi diri gurbanlyk hökmünde seniň
ýalkanyşly işleriň üçin berýärin. Sen meniň bedenimde
şöhratlan. Meni Mukaddes Ruhdan doldurmagyňy haýyş
edýärin. Men Seniň oňat hem kämil erkiňiň nämeden
durýandygyna aň ýetirmek üçin täzelenmegi maksat
edinýärin. Men bularyň baryny Mesih Isanyň erki we ady
bilen edýärin. Omyn.
Ýedi basgançagy geçmek we halas bolmagy gazanmak bilen hem siz
gara güýçleriň çozuşyna sezewar bolup bilersiňiz. Sebäbi olar öňki bolan
täsirleri gaýtaryp getirmek islärler. Bu halas bolanyňyzda bir günden
soň hem, hatda birnäçe aýdan soň hem bolup biler. Bir aýal özüniň iblis
seslerini iki günden soň eşidendigini aýtdy: „Men geldim“ – diýip, ol
gygyrýardy. „Ýok, dolanyp gelmersiň“ diýip, aýal sesli jogap berdi. Şol
wagtyň özünde çozuş gutardy.
Mesihde erkinlige tarap ýol
167
Emma uruşda bir ýeňiş ýeňşi aňlatmaýar. Emma köp sanly ýeňişler oňat
urşujyny orta çykarýar. Halas bolmagy goldamak gerek. Halas bolmak
ýagdaýyndan geçen bir aýal özüni diýseň oňat duýmak bilen özüni hemişe
şeýle bolup galyp biljekdigi barada sorady. „Eger siz Hudaý bilen dogry
gatnaşyklary saklap bilseňiz, galarsyňyz“ – diýip, men jogap berdim.
„Emma yza çekilseňiz welin, onda nähili ýokary galmalydygyny bilýänsiňiz“.
Başga bir aýal elhenç bir gazaplylygyň pidasy bolupdy, özüniň Mesihde
halas bolmagyny edil çagyrylmadyk myhmandan gutulmaklyga deňeýär.
Ilki bilen siziň öýüňize çagyrylmadyk myhman gelýär we sizi ýürek bulaýjy
oýunlarda oýnamaklyga mejbur edýär. Siz oýunda hemişe utulýarsyňyz
we oýundan çykmak isleýärsiňiz, emma ol başa barmaýar. Siz ahyrsoňy
hukuk goraýjy guramalara (häkimiýete) jaň edýärsiňiz we nätanyşy güýç
bilen çykarýarlar. Soňra ol ýene siziň öýüňize dolanyp girmekçi bolýar,
emma indi siz onuň sesini tanap, ony içeri goýbermeýärsiňiz.
Bu Mesihde halas bolmaklyga örän jaýdar meňzetme. Biz Onuň adyny
tutup çagyrýarys we Ol hilegäri biziň durmuşymyzdan çykarýar. Emma
biziň ýadymyzda saklamaly zadymyz: duşmana gaýdyp gelmegine ýol
bermeli däl (Galat. 5:1). Arwaha garşy duruň. Ýeňiş siziňki bolar!
Ýeňşi nähili edip saklamaly
Azatlygy goramaly. Siz örän möhüm ýeňşi gazandyňyz, emma göreş
entek gutarmady. Eger-de siz hakykatyň hatyrasyna Rebbiň güýji
bilen iblise garşy dursaňyz, öz ýeňşiňizde has ynamly bolup bilersiňiz.
Eger-de siz haýsydyr bir geçen günäleri ýatlasaňyz ýa-da azaşanyňyzy
duýsaňyz, bu günäleriňiziň bagyşlanmagyny soraň we hakykatda ýaşaň.
Köp adamlar bu ýagdaýlarda azat bolmak ýagdaýyny gaýtalamaklyk uly
kömek edýär diýip hasaplaýarlar.
Size şu aşakdaky kitaplary okamaklygy maslahat berýärin: „Garaňkylygy
ýeňmek“ (Victory over darkness), „Ýesirlikden azat bolmak“ (Released
from Bondage), „Mesihiň diri gurbanlygy“ (Living Sacrifice of Christ).
Eger siziň çagalaryňyz bar bolsa, onda „Biziň çagalarymyzy azdyrýanlar“
(Seduction of our Children) kitabyny okaň. „Ýagtylykda ýöremek“
(Walking in the Light) Hudaýyň baştutanlygyna düşünmäge we Ony ýalan
seslerden seljermegi öwrenmäge kömek eder. „Her gün Mesihde“ (Daily
in Christ) – bu kitap gündelik okamak üçin. Ol kitapda men we aýalym
Jowanna ondan öňki ähli kitaplarda aýdylanlary jemlemäge çalyşdyk. Ol
168
Gandaly döwýänçi
size möhüm hakykatlary hemişe ýatda saklamaklyga kömek eder. Azatlygy
saklap galmak üçin men ýene şu aşakdakylary maslahat berýärin:
1 Siz hakykatyň ýagtysynda gezmäge kömek edip we dogan­
lyk söýgüsini berip biljek mesihiler bilen sözleşmäge çalşyň.
2 Injili her gün öwreniň. Esasy aýatlary ýatdan öwreniň.
Meniň teklip eden ynam nyşanymy her gün aýdyp biler­
siňiz we onuň esaslanan ýerlerini Mukaddes Ýazgydan
bölekleri ýatlaň.
3 Her bir pikiriňizi Mesihe boýun bolmaklyga öwrüň. Öz
pikirleriňiz barada jogapkärçiligi alyň we ýalançylykdan
ýüz öwrüň hem-de hakykat bilen ylalaşyň. Mesihe
ynamda edinen wada berk ýapyşyň.
4 Özüňize gowşamaga ýol bermäň. Öňki endikleriňe dolanyp
gelmek örän aňsat, öz pikirleriňize ünsi peseltdigiňiz bu
geler. Öz edýän göreşiň barada ýakynlaryňyza batyrgaý
gürrüň beriň. Size iň bolmanda kyn pursatda goldaw
berjek bir ýakyn dost gerek.
5 Size derek kimdir biriniň göreşerine garaşmaň, öz
islegleriňizi başga biriniň üstüne atmaň. Adamlar size
kömek edip bilerler, emma size derek oýlanyp, pikirlenip
we Mukaddes Ýazgyny okap, hakykata ynanyp bilmezler.
Her gün doga okaň. Aşakdaky berilýän dogany tiz-tizden we doly ynam
bilen gaýtalaň.
Her günki dileg
Gadyrly Gökdäki Atam! Sen meniň Rebbim. Sen ähli zatdan beýik.
Sen hemişe meniň bilen. Seniň güýjüňiň we paýhaslylygyňyň
çägi ýok. Seniň ähli işleriň bileleşen söýgi we rehimdarlyk.
Men Seni söýýärin we Mesihde birleşenim üçin minnetdarlyk
bildirýärin, sebäbi şonuň üçin hem meniň ruhum diri. Dünýäni
söýmezlik barada we ten höweslerini ondan gelip çykýan ähli
erbetlikler bilen birlikde zyňjakdygymy berk maksat edinýärin.
Maňa Mesihde beren durmuşyň üçin minnetdarlyk bildirýärin we
Senden haýyş edýärin, meni Öz Mukaddes Ruhuň bilen doldur,
meni günäsiz durmuşda ýaşat. Meniň ähli güýjüm Senden. Men
şeýtanyň maýyl etmegine we ýalana berk garşy durmakçy. Men
Mesihde erkinlige tarap ýol
169
hakykata ynanmakçy we ýüregime aljyraňňylyk aralaşdyrmakçy
däl. Sen ynam Hudaýy we men Seniň özüm barada entek Seniň
Sözüňe laýyklykda ýaşaýarkam alada etjekdigiňe ynanýaryn.
Pikirlerim we hereketlerim üçin jogapkärçilikde bolmaga
Mesihiň güýç berýändigine ynanýaryn. Iblise we onuň ruhlaryna
menden el çekmeklerini buýurýaryn. Hudaýyň ähli ýaragy bilen
ýaraglanýaryn we özümi diri gurbanlyk hökmünde Hudaýa
berýärin, Hudaýyň merhemetiniň oňat, kämil we ýagşylyga
gönükdirilendigine göz ýetirerim ýaly, öz aňymy Hudaýyň Sözi
bilen täzeleýärin. Bular barada Rebbimiz we Halasgärimiz Isa
Mesihiň ady bilen haýyş edýärin. Omyn.
Ukynyň öň ýanyndaky okalmaly doga
Reb, meni Öz maşgalaňa alyp, ähli ruhy patalaryň bilen
Mesihde ýalkandygyň üçin minnetdar. Adamyň güýjüni
dikeldýän ukyň üçin sag bol. Ony Seniň Öz çagalaryň üçin
täsin sowgadyň hökmünde kabul edýärin. Haýyş edýän,
uklaýan wagtym aňymy we bedenimi iblis çozuşlaryndan
gora. Sen – meniň gaýam, meniň galam, meniň dynç alýan
ýerim. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
Öýüňi (otagyňy) arassalamak
Ýalan ynamlara degişli bolan zatlardan dynyp, şu dogany sesli okaň
(eger gerek bolsa her bir otagda):
Gökdäki Atam! Sen ýeriň we gögüň Rebbi, Öz ägirtligiňde
we söýgüňde bize ähli zady artykmaçlygy bilen berdiň. Biz
Saňa bu öý/otag üçin minnetdar. Biz Senden haýyş edýäris,
ony ruhy taýdan howpsuz et, bizi onuň içinde adamzat
urugynyň duşmanynyň çozuşyndan gora. Gökde Mesih bilen
ornaşan Hudaýyň çagalary hökmünde biz öňki hojaýynlaryň
ýol bermeginde ýa-da başga bir sebäp bilen ýer tutan erbet
ruhlara öýi/otagy taşlap gitmegi we gaýdyp dolanmazlygy
buýurýarys. Biz şu ýaşalýan ýere goýlan ähli gargyşlary
aýyrýarys. Gökdäki Atam, Saňa ýalbaryp, biziň öýümiziň
töwereginde goraýjy perişdeleri goýmagyňy, öýümize hilegäriň
girmegine ýol bermezligiňi, oňa Seniň merhemetiňiň ýerine
ýetirilmegine päsgel döretmegini ýok etmegiňi soraýarys. Şu
edýänleriňe sag bol, Reb. Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
170
Gandaly döwýänçi
Eger siz Mesihe ynanmaýanlar bilen bile ýaşaýan bolsaňyz
Ýalan ynanmalara degişli bolan ähli zatdan dynyp, öz otagyňyzda
ýerleşip, şeýle dogany sesli okaň:
Minnetdar Saňa Gökdäki Atam, durmuşda ýaşamaga beren
şu ýeriň üçin minnetdar. Haýyş edýän, meniň otagymy (ýada otagymyň bir bölegini) aýry et we ony ruhy howpsuz
ýer et. Men haýsy hem bolsa goňşularymyň baş egýän ýalan
hudaýlary bilen gatnaşykdan el çekýärin.
Iblisiň bu jaýa bolan islendik gatnaşygyndan, öňki
ýaşaýjylaryň eden zatlarynyň güýji bilen ýa-da meniň boýun
bolmazlygymdan gelip çykan islendik gatnaşykdan ýüz
öwürýärin. Hudaýyň perzendi, ýerde we gökde ähli ygtyýarlygy
bolan Mesihiň mirasdüşeri bolmak bilen, men ruhlara bu
ýerlerini taşlamaklaryny we gaýdyp dolanmazlyklaryny
buýurýaryn. Gökdäki Atam, bu ýerde ýaşaýarkam, maňa
kömek berjek goraýjy-perişdeleriňi bellemegiňi haýyş edýärin.
Isa Mesihiň ady bilen. Omyn.
Imanda düşünjede berkemegiňizi dowam ediň. Özüňiziň Hudaý üçin
gymmatlydygyňyzy ýatda saklaň. Öz aňyňyzy esasy ýagdaýlary aşakda
görkezilen hakykat bilen täzeläň.
Indiki birnäçe hepdeleriň dowamynda şu sanawy irden we giçde okaň.
Mesihde
Men Hudaý tarapyndan kabul edilen
Ýahýa 1:12: Men Hudaýyň perzendi.
Ýahýa 15:15: Men Hudaýyň dosty.
Riml. 5:1: Men aklanan.
1 Korintos. 6:17: Men Reb bilen birleşen we Onuň bilen bir
ruhdyrys.
1 Korintos. 6:19, 20: Men Hudaý tarapyndan gymmatbaha
satyn alyndym. Men Oňa degişli.
1 Korintos. 12:27: Men Mesihiň bedeniniň agzasydyryn.
Efesl. 1:1: Men mukaddes.
Efesl. 1:5: Men Hudaýyň çagasy.
Efesl. 2:18: Mende Hudaýyň ýanyna ýetmäge Mukaddes
Ruhuň üsti bilen açyk ýol bar.
Mesihde erkinlige tarap ýol
Kolos. 1:14: Mende gutulyş bar we ähli günälerim ötülendir.
Kolos. 2:10: Mesihde men kämillige gowşandyryn.
Men howpsuz
Riml. 8:1, 2: Men iş kesilmeden ebedilik azatdyryn.
Riml. 8:28: Ähli zadyň meniň bähbidim üçin hereket edýän­
digine ynanýaryn.
Riml. 8:31: Men Hudaý tarapyndan aklanan.
Riml. 8:35: Meni Hudaýyň söýgüsinden hiç zat aýryp bilmez.
1 Korintos. 1:21, 22: Men Hudaý tarapyndan tassyklanan,
mesh edilen hem möhürlenen.
Kolos. 3:3: Men Mesih bilen bile Hudaýda gizlenendirin.
Filip. 1:6: Mende oňat işe başlan Hudaýyň muny soňuna
çenli bitirjekdigine ynamym bar.
Filip 3:20: Meniň watanym Gökdedir.
2 Timot. 1:7: Hudaý maňa gorkaklyk ruhuny däl-de, güýç,
söýgi, nebsiňe buýurma ruhuny berendir.
Ýewreýl. 4:16: Men mätäçlikde Hudaýyň merhemetine we
alkyşyna bil baglaýaryn.
1 Ýahýa 5:18: Men Hudaýdan doguldym, iblis maňa el
gatmaz.
Men Hudaý üçin gymmatlydyryn
Matta 5:13, 14: Men ýeriň duzy hem yşygydyryn.
Ýahýa 15:1, 5: Men Onuň durmuşynyň öňbaşçysy bolan
hakyky üzüm agajydyryn.
Ýahýa 15:16: Men miwe bermek üçin saýlanan we mesh
edilen.
Resul. Işl. 1:8: Men Mesihiň şaýady.
1 Korintos. 3:16: Men Hudaýyň ybadathanasy.
2 Korintos. 5:17: Men Hudaý bilen ýaraşdyryjy gullukçy.
2 Korintos. 6:1: Men Hudaýyň işdeşi (1 Korin. 3:9).
Efesl. 2:7: Men Mesih bilen Gökde mesgen tutýaryn.
Efesl. 2:10: Men Hudaýyň ýaradanydyryn.
Efesl. 3:12: Mende Hudaýa ýetmäge erkinlik hem umyt bar.
Filip. 4:13: Özümi güýçlendirýän Mesih arkaly her zady
etmegi başarýaryn.
171
13
Halas bolmaklary üçin başga
adamlara nähili kömek etmeli
– Siz ruhlary ýok edýänçimi? – diýip, bir aýal meniň iblis täsirinden
çykmaga adamlara kömek edýändigimi bileninden soň sorady.
– Ýok, men ruhlary ýok edýänçileriň bardygyna düýbünden ynanamok
– diýip, men jogap berdim.
– Şeýle ukybyň: ýok etmekligiň bardygyna hem ynanmaýaryn.
Öz işlän döwrümde meniň gullugyma minnetdarlykda ruhy gandalyny
döwmek bagtyna eýe bolan müňlerçe adamlary görmek miýesser etdi.
Görşüňiz ýaly, olaryň köpüsinde edil şu aýaldaky ýaly meniň aýratyn
ukyba eýedigim baradaky düşünje peýda bolupdyr. Mende beýle ukyp
ýok. Men her bir wepaly mesihiniň, aýratyn hem ruhy çopanlaryň we
ruhanylaryň meniň başaranlarymy başarjakdyklaryny bilýärin. Adama
ruhy azatlyga eýe bolmagynda kömek etmek üçin aýratyn ukyp gerek
däl. Munuň üçin hakykaty bilmek we ulanmak gerek. Ukybyňy we
başarnygyňy bölüşip bolmaýar, hakykaty bolar.
Öz gulluk döwrümde men müňlerçe mesihi-talyplary, öý hojalykçy aýal­
lary, ruhy çopanlary, Hoş Habarçylary, ybadathana gelýänleri, ynamda bet­
bagtçylyga uçranlara kömek edip okatdym. Men bu bölümde öňkülerde
aýdylanlary, olaryň her bir mesihiniň azat etmek prosedurasyny geçirip
bilmegi üçin, hatda ruhy soraglarda onçabir başy çykmaýanlar üçin jemleýärin.
R uhy kömegi bermek bilen bagly ýalan düşünjeler
Iblisiň esasy ýaragy – ýalan. Islendik ruhy çopanyň ýa-da maslahatçynyň iň
bolmanda bir gezek iblisiň alyna gidendigini ynanç bilen aýtmak bolar. Bu
mende hem şeýle bolup geçipdi we geljekde hem şeýle bolup biler. Iblisiň
ýalany doly ýüze çykarylýança, ol bilniksizden hüjüm etmegi mümkindir.
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
173
Haçanda siz onuň ýalanynyň garşysyna hakykatyň kömegi bilen garşy
çykanyňyzda, onuň özüni alyp barşy üýtgeýär. Bu indi ogurlyk däl-de,
gorkuzmaklyk. Ol indi Petrusyň bize duýdurýan (1 Petrus 5:8) „ar alyjy
arslanyna“ öwrülýär. Köp sanly maslahatçylaryň alyp barýan usuly iblisi özüni
ýüze çykarmaklyga mejbur etmek we soň bolsa ony kowmakda jemlenýär.
Käwagt ruha özüni atlandyrmagyny talap etmek gerek. Haýsy bolanynda
hem, ruh bilen güýji çaknyşdyrmaklyk gutulgysyzdyr. Şu pursatda ruhuň
eýeleýän adamy „bihuş“ hala düşmegi, özüni ýitirmegi, otagdan ylgap
çykmagy we ş.m mümkin. Käwagt haýsydyr bir gatnaşyja fiziki zyýan
ýetmegi mümkin. Bu prosedura eger ony ýerine ýetirýän maslahatçynyň
tejribesi az bolsa, onuň peýdasyndan zyýanynyň köp bolmagy ahmal.
Men azat bolmaklyga degişli öz dört sany düşünjämi siz bilen
paýlaşmakçy. Öz duşmanyňyzy begendirip, artykmaç ýalňyşlyklary
etmezligiňiz üçin, men olar bilen siziň tanyşmagyňyzy örän isleýärin.
1.Biz iblisler bilen göreşmek usullarymyzy Hatlarda däl-de, Hoş
Habarlardadyr öýdüp ýalňyş esaslandyrdyk. Bu ýalňyşlyk bolup
biläýjek zat, sebäbi iblisi kowmagyň ähli görkeziji mysallary Resullaryň
işleri we Hoş Habarlarda berlen. Emma Hoş Habarlarda iblis bilen
işlemegiň Halasgäriň entek Oňa ol wagtlar „ýerde we gökde ygtyýarlyk“
(Matta 28:18) berilmänkä, haçdaky ölüminden öňki göreşiň usullary
suratlandyrylýar. Entek şeýtanyň elinden erki alnyp, paş edilmändi,
ondan üstün çykylmandy (Kolos. 2:15). Şol wagtlar şeýtanyň üstünden
ygtyýarlyga diňe Gökden Ýollanan Mesih eýedi.
Käbir mesihiler Hoş Habar bilen Hatlaryň arasyndaky şeýle çürt-kesik
araçäge garşy bolýarlar. Emma muňa garamazdan däp bolan we häzirki
zaman mekdebiniň din ýolbaşçylary kanundan ýalkanyşa, Köne Ähtden
Täze Ähte geçişiniň amala aşandygy bilen ylalaşýarlar: eger şu günki gün
bir baý adam ybadathana gelip, halas bolmaklyk üçin näme etmelidigini
sorasa, onda siz oňa Isanyň ýetginjek ýigit bilen bolan gürrüňdeşligindäki
ýaly, ähte wepaly bolmagy maslahat bererdiňizmi? (Matta 19:16, 17)
Halasgäriň haçdaky ölümine çenli siz ony ahlak kanuny berjaý etmeklige
çagyrmalysyňyz; elbetde, Hoş Habary wagyz etmeklik Mukaddes Ruhuň
inmegi bilen üýtgedi. Biziň iş alyp barşymyz hem ruhy azat bolmadyklar
bilen iş salşanyňda üýtgemeli dälmi?
Resullaryň Işleri kitaby Halasgäriň haçdaky ölümi bilen Mukaddes
Ýazgylaryň kanunlarynyň döremeginiň arasyndaky wagt baradaky
taryhy hekaýatlary öz içine alýar. Mesihilerde bu kitapda bar bolan
174
Gandaly döwýänçi
dini ylymlardan we usullardan edil näçe derejede ýolbaşçylyk etmelidigi
barada kesgitli pikir ýok. Şonuň üçin men hem iblisleri kowmakda
kitapda ýazylanlary jikme-jik berjaý etmeli düzgünden sizi sowmak
isleýärin. Meniň düşünişimçe olary ýörite bir galyba öwürmeklik mümkin
däl. Daşky görnüş içki mazmuna gabat gelmelidir, başga bolanynda biz
üýtgewsiz agyr kynçylyklara duçar bolarys.
Resullaryň Işleri kitaby iblis güýçleriniň Mesihiň haçdaky ölüminden
öň hem, soň hem hereket edendigini görkezýär, emma onda gara güýçler
bilen göreşmekdäki görkezilýän usullar ýeke-täk bolup biljek ýagdaý
hökmünde kabul edilmeli däldir.
2.Käbirleri resullaryň Hatlarynda ýesirleri azat etmek barada hiç
zat aýdylmansoň, şeýle gulluk ybadathanada bolup bilmez diýip
ýalňyş çak edýärler. Bu pikir Hatlardaky her bir mesihiniň öz ynamy
üçin jogapkärdigi barada aýdylýandygyny ýatlasak, onda ýalňyş görner.
Ahyrky netijede, ruhy azatlygy maslahat berýäniň edýän işlerinden
däl-de, maslahat alýanyň nämä ynanyp, nämäni bolsa inkär etjegine
bagly bolýar. Halas bolmaklyk adamyň özüne bagly bolup, siz diňe
onuň pikirlerini we duýgularyny gerekli tarapa gönükdirersiňiz. Başga
bolan ýagdaýynda, has dogrusy şeýtany kowmaklyga adamyň özüniň
gatnaşmadyk ýagdaýynda, şeýtanyň ýene-de dolanyp gelmejekdigine
kepil barmy? Öz ruhy azatlygyny saklamakda jogapkärçilikden saklanan
adam Mattanyň Hoş Habarynyň 12-nji babyndaky adamyň gaýgyly
tejribesini gaýtalar: kowlan iblisiň ýerini başga ýedi sany iblisiň eýelemegi
mümkin (Matta 12:43‑45).
Meniň işdeşlerimiň köpüsi edil öňküler ýaly arwaha gönümel garşy
durmagyň tarapdarlary. Käwagt olara ýeňmek başardýar, şowsuz bolan
ýagdaýynda bolsa, onuň sebäbini arwah eýelän adamyň düzelmek isleginiň
ýokdugyny höwes bilen bahana edýärler. Eger size arwah bilen açyk
göreşmek ýaraýan we siz ondan oňat netije gazanýan bolsaňyz, Hudaýa
şükür. Emma men hilegäriň gullukçylary bilen başa-baş söweşe girjeklere
hemişe duýdurýaryn: olaryň diýýänlerine ynanmaň. Olaryň bary ýalançy
(Ýahýa 8:44). Käbirleri arwahdan şeýle soramagy maslahat berýärler:
„Seniň Hudaýyň tagtynyň öňündäki şaýatlygyň hakyky bolarmy?“ Bu
käwagt kömek edýär, emma şeýle çemeleşileninde üstünlige kepil ýok.
Soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda men bir gezek hem „arwahy
kowmadym“, emma adamlaryň ruhy azatlygy edinişiniň we özlerine ejir
çekdirýän kemçiliklerinden dynyşynyň ýüzlerçe gezek şaýady boldum.
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
175
Men indi arwahlar bilen „gönümel“ işlemeýärin. Mundan hem başga
men olara hiç bir ýol bilen görkezmeklerine ýol bermeýärin. Men olaryň
pidasy bolanlar bilen işlemekligi saýlaýaryn. Diňe kömekçi bolmak
bilen, biziň işimizde üstünligiň diňe ejir çekýän tarapyň hyzmatdaşlyk
görkezmegine baglydygyna düşünmelidiris. Şonuň üçin hem biz doly
esasda Isanyň sözlerini gaýtalap bileris: „Onsoň Isa olaryň gözlerine elini
degrip: «Size imanyňyza görä bolsun» diýdi“ (Matta 9:29). Gullugyň
özeni adamlara hakykata ýetmäge we onuň durmuşa ornaşdyrylyşynda
şahsy jogapkär bolmaga kömek etmekdir.
3.Azatlyk garaňkylyk patyşalygynyň garşysyna güýjüň netijesi
diýip, biz ýalňyş hasaplaýarys. Azatlyk güýç bilen däl-de, hakykaty
bilmek bilen gelýändir (Ýahýa 8:32). Mesihiň güýji hakykaty bilmekde,
arwahyň güýji ýalanda. Arwahçylar üçin güýç ähli zady çözýär, emma
olar onuň diňe garaňkylykda täsir edýändigini unudýarlar. Mesihi imanda
ösmeli, sebäbi güýç we ygtyýarlyk Mesihiň bitiren işi arkaly eýýäm onda
bar. Diňe iman oňa arwahy ýeňmekligi berip biler. Şeýtanyň islendik
„güýji“ beýan etmegi (hakykatda onuň güýji haçda ýykyldy) bu ýönekeý
gorkuzmak bolup, gorkuly jogaba esaslanandyr. Eger mesihi gorksa,
onda şeýtan ýeňýär, sebäbi indi ol adamy Mukaddes Ruh däl-de, gorky
eýeleýär. Iblisiň öňündäki gorky we Hudaýa ynam – bularyň ikisi bir
ýere sygýan däldir.
Şeýtan imandan gorkuşy ýaly hiç zatdan gorkmaýar. Diňe ýagtylygyň
golaýlaýandygyny aňmak bilen ol we onuň arwahlary edil tarakanlar
toparyna meňzäp, garaňky burçlara tarap dargarlar. Maňa arwahlaryň
menden gorkýandyklaryny aýtdylar, emma men ol sözlere ynanmaýaryn.
Eger size degişlilikde şeýle zatlary aýtsalar, muňa ynanmaň. Arwahlar
adamlardan däl-de, iman ýagtylygyndan gorkýarlar. Şeýle hem maňa
arwahlaryň meniň üstümden gülýändiklerini aýtdylar. Men muny
maslahatçyny gorkuzmak üçin edilen ýene bir usul diýip hasaplaýaryn.
Şeýtanyň bu hüjümini äşgär eden badyňa, bu gülmekler kesilýär.
Men arwah eýelän adam bilen işleýän wagtymda, iblisiň peýda
bolmagynyň öňüni almak üçin ähli mümkinçilikleri edýärin. Olar diňe
onuň peýdasynadyr. Biziň maksadymyz – Hudaýy Onuň adamlar bilen
alnyp barylýan işlerde peýda bolmagynyň üsti bilen şöhratlandyrmakdyr.
4.Biz adamy şeýtan täsirinden azat etmek üçin esasy häsiýet – bu
adaty bolmadyk başarnyk ýa-da ukyp diýmek bilen nädogry çak
176
Gandaly döwýänçi
etdik. Emma bu bolsa mugallymyň aýratyn häsiýeti we zehinidir. Adama
Mesihde azat bolmaklyga kömek etmeklige degişli resullyk görkezmeleri
2 Timoteosda has aýdyň görkezilen:
„Rebbiň guly dawalaşmaly däl, hemmelere mylakatly, öwretmäge
ukyply, sabyrly bolmalydyr. Özüne garşy bolanlary ýumşaklyk bilen
ýola getirmelidir. Hakykatyň bilimine ýeter ýaly, Hudaý olara, belki, bir
toba ýoluny açar. Şeýdip, olar aýylyp, islegini ýerine ýetirmekleri üçin
özlerini tussag eden iblisiň duzagyndan gutular“ (2 Tim. 2:24‑26).
Bu ýerde gürrüň güýç barada däl-de, hakykat barada gidýär. Hudaýa
gulluk ediji imanda ýetişen bolmaly, bu bolsa ondan Ruhuň miwelerini
görkezmek talabyndan belli bolýar. Hakykaty diňleýjä ýetirmek şeýle
möhüm, sebäbi ol ony azat etmegi başarmaly.
Öz ähli erjelligiňi mesihi häsiýetiňi terbiýelemeklige we mugallymçylyk
ukyplaryňy ösdürmeklige gönükdirmeklik maslahatçyny iki sany
oňaýsyzlykdan goraýar: bir tarapdan – ruhy dünýäniň barlygyny inkär
edýän psihoterapiýa bilen meşgullanmakdan, başga bir tarapdan –
adamyň erkin islegine biperwaý garaýan gutaryş gullugyndan. Erkinligi
paýlaşmak bolar, sebäbi ol ynamdan, umytdan we söýgüden başga hiç
zada bagly däldir.
Mundan hem başga özüňiň Hudaýa baglydygyňy hemişe ýatlamak
gerek, sebäbi diňe Ol toba etmekligi we ýesiri azat etmekligi berýär.
Adamlar bilen işleşmegi hut şundan, Ata Hudaýa doly garaşlydygymy
boýun almakdan başlaýaryn.
A damlara ruhy erkinligi gazanmaga nähili kömek etmeli
Azat etmegiň prinsipial usuly barada siziň bilen pikirlerimi paýlaşmaga
rugsat ediň. Meniň işläp düzen usulym – ýeke-täk mümkin görnüş
däl, emma meniň taýýarlan ýüzlerçe maslahatçylarymyň tejribesiniň
görkezişi ýaly, ol örän netijeli.
Azat etmek prosedurasyny üstünlikli geçirmek üçin islendik maslahatça
şu häsiýetlere eýe bolmagy zerurdyr: duýgudaşlyk, ýazgarmazlyk we
düşünmeklik. Siz köp geplemeklige däl-de, diňlemeklige taýýar bolmaly.
Süleýman pygamber şeýle ýatladýar: „Diňlemän jogap bermek akmaklyk
hem utançdyr“ (Süleýmanyň pähimleri 18:13).
Maslahatçydan edilýän ýene bir talap – kömege mätäje ynanmak.
Köp sanly kömege mätäç adamlar maňa ynanmazlar diýip gorkýany üçin
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
177
kömek sorap ýüz tutmaýarlar. Meniň ýanyma kömek sorap gelýänleriň
tas ählisi diýen ýaly öň başga maslahatça birnäçe aýlap ýa-da ýyllap
gatnanlar. Emma olar öňki maslahatçylara aýtmagy karar edip bilmedik
zatlaryny maňa aýdýarlar. Bu ýerde iş meniň aýratyn ukybymda däl-de,
olaryň sözlerine ynanmaklyga bolan taýýarlykdadyr.
1.Maslahata gelen adam baradaky habarlary ýygnaň
Men özümden kömek sorap gelýänler barada has köp bilmeklige
çalyşýaryn. Eger bu başa barsa, ilkinji gürrüňdeşlikden öň iki anketany
doldurmagy haýyş edýärin: „Okkult praktikasynyň görnüşleri, sektalar
we mesihi däl dinler“ hem „Şahsyýet anketa“ („Goşmaça kömek“ bölüme
serediň). Size şu anketalardan (ýa-da şuňa meňzeşinden) peýdalanmagy
maslahat berýärin.
Meniň adam barada has köp bilmeli diýen netijä gelmegimiň bir
sebäbi – bu maňa onuň kynçylyklarynyň häsiýetine (ruhy ýa-da tebigy)
düşünmeklige kömek edýär. Mysal üçin, käwagt gormonal bozulmalary
bar adamlar hem özlerini edil arwah eýelän ýaly alyp barýarlar. Köplenç
fiziki bozulmalar (mysal üçin, ganda şekeriň derejesiniň azalmagy)
duýgy tarapdan deňagramsyzlygyň, onuň bolsa öz gezeginde arwahdan
garaşlylyga getirýär. Maslahatçy we Mesihe ynanýan lukman – oňat
topardyr. Şeýtan ejizlere we kömege mätäçlere topulyp, adyl oýny
oýnamaýar.
Ilki bilen meni maslahat alýanyň maşgala taryhy gyzyklandyrýar:
onuň ata-enesi, babasy, garry enesi okkultizm bilen meşgullanmadykmy?
Maşgalasy agzybir ýaşaýarmy? Aýrylyşmak ýa-da biwepalyk etmek
ýagdaýlary bolupmy? Ýalan düşünjeleriň köpüsi işjeň ösüşiň dowamynda
peýda bolýar: çagalykda we ýetginjeklikde. Mysal üçin köp çagalar özlerini
ata-enesiniň aýrylyşmagynda günäkärleýärler. Köpüsi öz ata-enesinden
köp ýyllar mundan öň bolup geçen zatlar üçin öýke saklaýarlar. Şeýle
ýalanlaryň jemlerini bilmek – adamy halas etmekde wajyp meseledir.
Gandüşer garyndaşlar bilen gatnaşyk ýa-da azgynçylykly jyns gatna­
şyklary bolupmy? Maşgala agzasyndan kimdir biri arakhorlukdan ýa-da
neşekeşlikden ejir çekipmi? Tohumynda psihiki taýdan keselli bolupmy?
Maşgalada sport we sagdyn iýmitlenmegiň düzgünleri saklanýarmy?
Maşgaladaky ahlak düzgünler nähili? Düzgün bolşy ýaly, kynçylyklar
artykmaç düzgün saklamakdan hem, ähli zada rugsat bermekden hem
gelip çykýar.
178
Gandaly döwýänçi
Soňra men maslahat alýanyň öz häsiýetine düşünmeklige çalyşýaryn.
Ýatda saklaň: adamdaky ruhy akyldan we duýgudan aýyrmak gerek däl.
Ony şahs hökmünde tutuşlygyna kabul ediň. Size adamyň daşky hem
içki durmuşy barada has köp zatlary bilmeklik zerurdyr.
Fiziki derejede meni adamyň şulary gyzyklandyrýar: iýmite endikleri,
haýsydyr bir zada güýçli üns bermegi (alkogol, neşe), uky ýagdaýy. Men
adamyň hemişe haýsydyr bir dermany iýýändigi barada gyzyklanýaryn.
Onuň ogullyga alnan çagadygy we onuň çaga wagtynda ulular tarapyndan
azar görendigi ýa-da däldigi bilen gyzyklanýaryn.
Akyl derejesinde men maslahat alýanyň haýsydyr bir dyngysyz hüjüm
edýän pikirleri barmy, oňa „sesleriň“eşidilýändigi bilen gyzyklanýaryn.
Köplenç ondan Hudaý baradaky hapa pikirleriň aňyna gelýändigi ýada gelmeýändigi, has hem gulluk we doga okaýan wagty bilen
gyzyklanýaryn. Öz janyňa kast etmek baradaky pikir kömek sorap
ýüz tutýanlaryň ählisine diýen ýaly mahsus. Şeýle hem men maslahat
alýanyň näme okaýany, telewizorda ýa-da wideoda näme görýäni, şeýlede Injil ýa-da doga okamaklyk arkaly Hudaý bilen gatnaşygy barada
gyzyklanýaryn.
Duýgy tarapdan bolsa meni gorky gyzyklandyrýar: adam nämeden we
näçeräk gorkýar. Iblis tutgaýyndan ejir çekýän ähli adamlarda gorky bar.
Ahyrsoňunda, men maslahat alýanyň ruhy durmuşy bilen
gyzyklanýaryn. Ol özüniň halas boljagyna ynamlymy? Maňa ýüz
tutanlaryň köpüsi özlerini bagyşlap bolmajak günä eden hasaplaýarlar.
Eger şeýtan adamda halas bolmaklyga azajyk hem bolsa şübhäni döretse,
onda ýagdaý üýtgeýär, adam berkligini ýitirýär; Hudaýa çynlakaý
bil baglap bilmeýär. Şeýtanyň täsirinde bolýan adam üçin başga bir
mesihiniň: „Hakyky mesihiler şeýle zatlary etmeýärler, sen, elbetde, öz
halas bolmaklygyňy ýitirensiň“ diýen sözlerini eşitmekden erbet zat ýok.
Bu şeýtanyň ýalany, ol adamy bogmaklygy maksat edinýär.
2.Ýalan ylalaşyklara garşy göreşiň
Men maslahat alýanyň Hudaýa we özüne nähili düşünýändigini
anyklamagy özüme borç edinýärin. Mende özüm üçin ýörite wideo we
audio kassetalaryň ýygyndysy bar, olarda mesihi ylalaşygynyň esasy
özeni görkezilýär: mesihilere Hudaýyň merhemeti; imanda gezmek,
mesihiniň aňy üçin ruhy söweş, bagyşlamagyň zerurlygy we ş.m. Şeýle
hem bu kassetalarda mesihiniň ygtyýarlygynyň nämedigi baradaky we
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
179
nähili edip ruhy uruşda özüňi goramalydygy baradaky ylym berilýär.
Kassetalarda berilýän Injil taglymaty ýalan düşünjeleri ýumurmak üçin
berilýär. Maňa kömek sorap ýüz tutan adamlara men birinji seansa
çenli ol kassetalara seretmegi tabşyrýaryn, şeýdip, men öz wagtymy
tygşytlaýaryn. Mundan hem başga adam öý şertlerinde kassetalary näçe
islese, şonça hem görüp bilýär. Men size hem ol kassetalary edinmegi
ýa-da özbaşyňyza şeýle ýazgyny taýýarlamagy maslahat berýärin.
Ruhy kesellerden ejir çekýänleriň köpüsinde Hudaý barada ýalňyş
düşünje jemlenýär. Akyl derejesinde belki, olar Hudaýa dogry akyl
ýetirýändirler, emma ruhy taýdan olar Hudaýy başgaça suratlandyrýarlar.
13 a surata serediň. Hudaý baradaky hakyky düşünjeleriň erbet
tejribäniň eleginden geçip, ýalana öwrülýändigine üns beriň. Olary
gaýtadan hakyky etmeklik hökman, bolmasa azatlyga ýetip bolmaz.
Bir gezek maňa ruhy çopanyň aýaly ýüz tutdy. Ol öz ata-enesiniň
öýünde ejesi tarapyndan berk düzgüniň şalyk sürendigini, ejesiniň bolsa
hemişe nämedir bir zatdan närazy bolýandygyny aýdyp berdi. Kakasy
şeýle bir gowşak adamdy we ol hiç wagt gyzyny aýalynyň gazabyndan
gorap bilmeýärdi.
– Siz Isany söýýärsiňiz ahyry, şeýle gerek? – diýip, men ondan
soradym.
– Hawa, elbetde.
– Mukaddes Ruhy hem hakykatdan söýýärsiňizmi?
– Örän.
– Emma size Hudaý-Atany söýmek kyndyr?
Jogap bermegiň deregine ol aglady. Gökdäki Atanyň keşbiniň
üstüne hakyky söýgüni bildirmäge päsgel berýän ýerdäki atanyň keşbi
goşuldy. Onuň göwnüne Isa we Mukaddes Ruh onuň ykbalynda işjeň
gatnaşýardylar, Hudaý-Ata bolsa onuň hatyrasyna hiç bir zady edip
bilmeýärdi.
Men köplenç şeýle soraýaryn: „Eger siz özüňizi has oňat alyp
baran bolsaňyz, Hudaý sizi has hem söýermidi?“ Köpler dogry jogap
berýärler: Ýok. Emma men olardan Hudaýyň söýgüsini duýýandyklary
barada sorasam, olar Onuň özleriniň çagalaryna seredişinden hem erbet
alada edýändigini aýdýarlar (Luka 11:9‑13-e serediň). Bu Hudaýa aň
ýetirmeklige päsgel berýän şeýtanyň meýliniň bir bölegi (2 Korintos. 10:5).
Eger şeýtan adamlary Hudaýyň hakyky tebigaty barada düşünmezlikde
saklap bilse, onda ol olaryň umytlaryny ýumurýar.
180
Gandaly döwýänçi
Özüňe ýalany kabul edip almaklyk arwah tutgaýlygyndan ejir
çekýänleriň ählisine mahsus. Köpler özlerini „adaty“ adamlardan
prinsipial taýdan aýratyn saýýarlar, sebäbi olar mesihi durmuşyny
alyp barmaklyga we Hudaýyň merhemetini almaklyga ymtylmaýarlar.
Köpler özleriniň psihiki ýagdaýy üçin howsalada gezýärler. Hemmesi
hem özlerini ýüz öwrülen, söýülmedik we gerekmejek hasaplaýarlar.
Olar öz boluşlaryny üýtgetmek üçin ähli zady ulanyp gördüler, emma
hiç zat kömek etmedi. Köpler öz häsiýetleriniň meselesini ruhydygyna
düşünýärler we kömek sorap ýüz tutmak isleýärler, emma ýüz tutara
adam ýok. Olaryň gatnaýan ybadathanalarynda şeýtan hakynda
gürlemek bolmaýar, her bir gara güýç eýelän adama bolsa, edil
gazaply adama seredýän ýaly seredýärler. Hatda kömek alanlaryndan
soň hem, olar öz alan azatlygyna şaýat durmakdan gaça durmaklygy
halaýarlar.
Baýola uniwersitetiniň talyby Stefanide şeýtanyň täsiri bilen birnäçe
özüňe ters baha bermeklik peýda boldy we ol anoreksiýa (işdäniň ýitmegi)
bilen keselledi. Keseli lukmanlar anykladylar. Stefani iýmit kadalarynyň
bozulmagynyň öňüni alýan klinika ýüz tutdy, emma ol ýerde oňa kömek
edip bilmediler. Şonda talyplaryň biri bu keseliň ruhy sebäbini güman
etdi we Stefaniniň maňa ýüz tutmagyny maslahat berdi. Eýýäm iki
seansdan soň ol keselinden gutuldy. Klinika dolanyp baryp, Stefan bolup
geçen zatlar barada gürrüň berdi, emma olar onuň sözüni müňkürlik
bilen kabul etdiler, gowulaşmagyny bolsa wagtlaýyn hasapladylar.
Onda näme üçin ol „wagtlaýyn remissiýa“ şu günki gün hem dowam
edýär, sebäbi Stefani şondan bäri Mesihde erkinligini ýitirmeýär we Hoş
Habarçy hökmünde Rebbe üstünlikli gulluk edýär.
3.Şeýtan bilen däl-de, adam bilen meşgullanyň
Şeýtanyň täsirini başdan geçirýän adamlar adatça biri-birine laýyk däl
duýgulary başdan geçirýärler. Olaryň göwnüne şeýtan adatdan daşary
güýçli we gorkuly. Şeýle adamlar hemişe dogry pikiri inkär ediji „sesleri“
eşidýärler. Sesler ýalan görkezmeleri berýärler (mysal üçin maslahata
barmazlyk), gorkuzýarlar, şübhe döredýärler.
Onuň bilen işlemeklige başlamazdan öňürti ol adamyň öň näme
bilen meşgullanandygy barada köpräk bilmeklige çalşyň. Ýatda saklaň,
arwahlar siz olaryň garşysyna açyk hereket edip başlaýançaňyz, özleriniň
bardygyny bildirerler. Tapylanyndan soň olar güýçlerini görkezmäge
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
181
başlarlar. Şonuň üçin hem azat bolmak prosesini gaty çeýe we az-azdan
geçirmeli, bolmasa adam gorkar we seansy keser.
Bir aýal edil şol pursat ýerinden turdy we gapa ýöneldi.
– Siz näme eşidýärsiňiz? – diýip, men soradym.
– Siz maňa agyry berýärsiňiz – diýip, ol jogap berdi.
– Bu ýalan. Men ony köşeşdirdim.
Diňe şondan soň ol kesilen gürrüňi dowam etmäge razy boldy.
Käbir adamlarda seans wagtynda fiziki gaýra üzülmeler, ýürek
bulanma, baş aýlanma, doňup galmaklyk başlanýar. Eger muňa üns
berilmese, onda maslahat berilýän adam ruhy taýdan pes bolmagy
mümkin.
Azat etmek prosedurasy wagtynda arwahlaryň peýda bolmagyna ýol
bermezlik örän möhümdir, ýogsam onda adamyň aňly-başly gatnaşyp
bilmezlik howpy peýda bolar. Şulary göz öňünde tutmak bilen azatlyga
tarap hereketi şeýleräk dogadan başlamaly:
Gadyrly Gökdäki Atam! Isa Mesihiň ady bilen we Onuň
haçda döken ganynyň üsti bilen Saňa gelýärin we Seniň şu
otagda bardygyňa baş egýärin, Saňa garaşlydygymy jar
edýärin. Mesihsiz men hiç zat edip bilmerin. Gökde Mesihiň
gapdalyndaky öz ýerimi eýeleýärin. Sebäbi ýerde we gökde
ähli ygtyýarlyk Oňa berlen we men ol ygtyýarlygy bu
otagda ýerleşýän Reb Isa Mesihiň duşmanlarynyň, aýratyn
hem (ady) garşysyna peýdalanýaryn. Sen Öz adyň tutulyp
ýygnanyşan iki ýa-da üç adamyň arasynda boljakdygyňy we
ýer ýüzünde baglanan her zadyň gökde hem baglanjakdygyny
aýtdyň. Biz (ady)-da ornaşan ýa-da ýanynda ýerleşen ähli
erbet ruhlaryň dymmaklary bilen razylaşýarys. Olar (ady)ňa diňlemäge, görmäge we aýtmaga päsgel berip bilmezler,
şeýle hem ony ynjydyp bilmezler. Reb Isa Mesihiň ady bilen
men şeýtana we onuň arwahlaryna (ady)-ňa Hudaýa boýun
egmegine päsgel bermezliklerini buýurýaryn. Isanyň ady
bilen. Omyn.
Ähli maslahat alýanlardan men üýtgewsiz bir zady haýyş edýärin,
olaryň prosedura wagtynda içinde peýda bolýan islendik ylalaşmazlyk
barada maňa gürrüň bermekleri gerek. Eger olarda biziň edýänlerimize
ters gelýän pikir peýda bolsa, onda olar şol wagtyň özünde ony meniň
13 a surat
Dogruçyl we ynamdar
Adyl we ýüz görmeýän
Kabul edýär
Goldaýar we ruhlandyrýar
Merhemet sylaglary berýän
Hemişe kömege gelýär
1. Sowatsyzlyk sebäpli
2. Ýalan pygamberler
tarapyndan
3. Hudaýa dil ýetirmeklik bilen
4. Çagalykda we irki
ýetginjeklik ýaşynda ters
şahsyýetara gatnaşyklary
bolany üçin
5. Ata-eneleriň özlerini nädogry
alyp barmaklary
Öňünden aýdyp bolmaýan we
üýtgeýän
Adalatsyz hem iki ýüzli
Ýüz öwürýär
Ýazgarýar
Şatlykdan mahrum edýär
Kyn pursatyňda kömege
gelmeýär
Oňat häsiýetler üçin
hoşamaýlyk bildirýär
Bagyşlamagy başarmaýar
Mähirli we rehimdar
Şertsiz merhemet berýän
Gazaply we rehimsiz
Söýýän we alada edýän
Ýoýulan hakykat:
Hudaýyň ýoýulan häsiýetleri:
Hudaýyň hakyky häsiýetleri:
182
Gandaly döwýänçi
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
183
bilen paýlaşmaly. Käwagt şol pikirler açyk duşmançylykly häsiýete
eýe bolýarlar, käwagt bolsa bu ýalany özünde saklaýarlar („bu adam
saňa kömek edip bilmez“). Şeýtanyň güýji ýalanda. Ýalan pikir daşary
ýagtylyga çykan badyna öz güýjüni ýitirýär.
Maslahat berýäniňize şeýle pikirleriň adamdan däl-de, şeýtandan gelip
çykýandygyny hökman düşündiriň. Şeýle edilmese ony oňa paýlaşmak
kyn düşer. Hudaýyň kanunyna ters gelýän ahli pikirleriň hilegärden gelip
çykýandygyny hökman düşündiriň. Iblisiň ýürek bulaýjy tebigatyny göz
öňünde tutmak bilen bu pikirleri aýtmakda hiç hili utanjyň ýokdugyny
düşündirmegiň peýdalydygyny ýatdan çykarmaň.
Men seans wagtynda hiç wagt maslahat berýänime elimi degirmeýärin,
şuny size hem maslahat berýärin. Bu maňa ýeňil düşmeýär, sebäbi
tebigatym boýunça men açyk adam we adamlary gujaklamagy gowy
görýärin. Emma adam şeýtan galyndylaryndan gutarnykly azat bolýança
sizde bar bolan Mukaddes Ruh iblis güýçleri tarapyndan gaýtawul almagy
mümkin. Azat bolýan adamdan biraz daşrak durmak oňat bolar. Bir gezek
men azat bolýan aýalyň ünsüni çekmek maksady bilen elimi onuň eline
degirdim. Soň görlüp oturylsa, men oňa azar berýän ýaly görnüpdir.
Men özümden kömek sorap ýüz tutýan adamlaryň fiziki azatlygyny
çäklendirmegi halamaýaryn, sebäbi biziň uruş ýaragymyz teniňki däl
(2 Korintos. 10:3, 4). Eger adam meniň ofisimden gaçyp gitmekçi bolsa,
men ony saklamaýaryn. Men doga okaýaryn we garaşýaryn. Birnäçe
wagtdan ol adam utanyp yzyna dolanýar we dowam etdirýär.
Haçanda halas bolýanyň içinde içki garşy gitmeler peýda bolup, kyn
pursatlar dörese, men seansy kesip, ýene şeýtanyň üstünden ygtyýarlygy
alýaryn. Men adamdan hiç zady gizlemezlige çalyşýaryn. Sebäbi her
bir adama aýratyn çemeleşmek gerek, men mundan aňry hereket
etmekde kyn ýagdaýdadygymy boýnuma almaga utanmaýaryn. Men
köplenç Hudaýdan akyl-paýhas diläp doga okaýaryn. Men ähli güýjüm
bilen halas bolýanyň ünsüni saklamaga çalyşýaryn we şonuň üçin hem
oňa seans wagtynda öz içki ýagdaýy barada aýtmagy haýyş edýärin.
Eger men adamyň ünsüniň sowulýandygyny görsem, onda men onuň
haýsydyr bir sesleri eşidýändigi barada soraýaryn ýa-da ony prosedura
gaýtaryp getirmek üçin barmaklarymy şarkyldadýaryn. Käwagt seansy
togtadýaryn we adama ofisiň içinde gezmelemegi haýyş edýärin, sebäbi
onuň öz-özüne erk edip bilýändigine meniň göz ýetirmegim zerur. Eger
men halas bolýanyň diýseň köp garşylyk görkezýänini görsem, men
prosedurany saklamaga mejbur bolýaryn. Şeýle ýagdaýda ilkibaşdaky
184
Gandaly döwýänçi
ýagdaýa dolanyp gelýärin we adam bilen mesihilik esaslary barada
söhbetdeş bolýaryn. Men adamyň azat bolmagyndan öň hakykata
ynanmaklygyny zerur hasaplaýaryn.
Eger siz haçan hem bolsa bir wagt jyns gatnaşygynda ýa-da iblis
dessurynda zorlanmagyň pidasy bolan adam bilen işleşmeli bolsaňyz,
onda aýgytly garşylyga taýýar boluň. Edil şeýle adamlar hem meniň
köp sanly müşderilerimdi. Gönümden gelsem, şeýtan täsirine özleri
ynanmaýan maslahatçylar nähili edip, adamlary şu kynçylyklardan
gutarjagyna ynanmak kyn. Şeýle adamlar bilen köp gezeklik seans
bilen işlemeli, sebäbi olarda Hudaý baradaky düşünje we öz-özlerine
akyl ýetirmeleri diýseň ýoýulan. Olaryň köpüsi bolsa zorlukda psihiki
goranmakdan dörän newrologiki şahsyň iki bölünmeginden ejir
çekýärler.
Öňler men zorluk baradaky ýatlamalary gabap goýmak – şeýtanyň
işi diýip hasaplaýardym, emma indi men Hudaý bu adamlary olar şeýle
ýatlamalardan baş alyp çykyp biljek ýagdaýa ýetýänçäler şu hili usul bilen
goraýar diýip hasaplaýaryn. Emma köplenç jyns hem dessur zorlugyndan
ejir çekenlere ondan dynmak gaty kyn bolýar. Olara zorlugyň pidasy
bolmak bilen Hudaýyň perzendi bolmakdan mahrum bolman, gaýtam Isa
Mesihiň satyn alyp, eden hereketinde täze ýaradylanlar bolýandyklaryny
düşündirmek gerek.
Arwahlardan dynmak şeýle adamlara azatlygy edinmek üçin bar gerekli
zat däl. Hudaý we öz „meniň“ baradaky ýoýulan pikirleri dikeltmek üçin
hysyrdyly iş talap edilýär. Olara başga mesihileriň goldawy we söýgüsi
gerek.
Eger siz adamlara şeýtan täsirinden dynmaklyga kömek bermegi
maksat edinen bolsaňyz, onda men öz „Ýesirlikden azat bolmak“ (Released
from Bondage) atly kitabymy okamagyňyzy ýürekden maslahat berýärin.
Onda zorlukdan gelip çykan birnäçe agyr meseleleri meniň gündelik
durmuşymda çözüşimiň giňişleýin suratlandyrmalary bar.
4.Olary azat etmegiň ähli tapgyrlaryndan geçiriň
Haçanda maslahat alýany azat bolmak prosedurasyndan geçirmek
pursaty gelende, (12-bölüme seret) men doga okamakdan goldaw almak
maksady bilen kömekçimi çagyrýaryn. Käwagt bir özüm hem işlemeli
bolýaryn, emma bu meniň iblis güýçleriniň garşysyna durmakda sowa
geçýändigim üçin gorkuly däl. Haçanda menden kömek sorap, aýal
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
185
maşgala ýüz tutsa, men hökman üçünji biriniň hem seansa gatnaşmagyny
gazanýaryn.
Men her bir gatnaşyja ynamyň çap edilen nyşanyny (12-bölüm)
berýärin. Şondan soň halas bolýany azat bolmagyň ýedi basgançagyndan
geçirýärin. Düzgün bolşy ýaly, meniň ýanyma gelýäniň nämä mätäçdigi
belli, emma men duýdansyz bir elementiň duçar bolmazlygy üçin ýedi
basgançakdan hem geçirýärin. Adamyň indi Hudaýa boýun bolmak
niýetiniň bardygyny şeýtanyň bilmegi üçin ynam nyşanyny we dogany
sesli okamaklygy tabşyrýaryn.
Adatça mesihi däl ruhy taglymatdan ýüz öwürmeklik endigan geçýär.
Bu basgançakda oňatlyga tarap üýtgeşme onçakly bir belli däl, emma
adamyň şeýtandan ýüz öwrüp, Mesihe iman etmegi bu proses üçin diýseň
wajyp.
Garşy durmaklyk düzgün bolşy ýaly, ikinji basgançakdan başlanýar,
şol wagtda maslahata gelen doga we ynam nyşanyny okaýar. Şol wagt
şeýle sözleri eşitmek bolýar: „Bu maňa kömek etmez“, „Meniň muňa
ynanasym gelýär, emma başaramok“, „Men okaýaryn, emma bu ýürege
ýetenok“. Bu şeýtanyň adamy Hudaýyň hakykatyna göz ýetirmekden
alyp galmak üçin edýän aljyraňňy synaglarynyň üstüni açýan ýalan.
Haçandyr bir wagtlar meniň hem ol ýalana ynanasym gelýärdi we men
özümçe şeýle oýlanýardym: „Belki, bu adam hakykatdan hem ynanyp bilýän
däldir? Belki, men oňa kömek edip bilmerin?“. Indi men başgaça pikir
edýärin: „Siz muňa ynanyp bilersiňiz“ – diýip, men muňa garşy çykýaryn.
„Eger muňa men ynanýan bolsam, onda siz hem ynanyp bilersiňiz.
Ynanmaly ýa-da däl bu biziň ygtyýarymyzda“. Ýa-da: „Elbetde, siziň okaýan
ähli zadyňyz ýüregiňize barýar. Bu tassyklamalaryň her biri Injile esaslanan,
men bolsa siziň Mukaddes Ýazga ynanýandygyňyzy bilýärin“.
Gaharlanmak we bagyşlamazlyk – şeýtanyň berkliginiň iň ýaýran
iki zadydyr. „Bagyşlamaklygyň ýürekden“ gaýdýandygy sebäpli N3
basgançak iň bir duýguly bolmaly. Eger duýgy az bolsa, onda adam özözüne ýa-da size degişlilikde aýdyňlygy ýüze çykarmaýar.
Haçanda üçünji basgançaga ýeten adam bagyşlamaklygy soranyndan
soň, Hudaýyň onuň aňyna salan atlaryny ýazmak gerek. Eger adam
sanawyna özüni ýa-da Hudaýy goşmasa, oňa bu barada ýatlatmak gerek.
Düzgün bolşy ýaly adamlar muňa razy bolýarlar. Köplenç maslahat alýan
adam bir wagtlar unudylan adamlary ýadyna salmagy mümkin. Meniň
iş tejribämde üçünji basgançakda bir wagtlar ýatdan çykan zorlanmak
faktlaryny ýada saldylar.
186
Gandaly döwýänçi
Proseduranyň şu basgançagyna has uly üns bermek gerek we
maslahata gelen adama bagyşlanmagyň nämedigini, onuň üçin ýüregiňi
nähili açmalydygyny düşündirmek gerek (3 basgançak, 12-bölüme seret).
Goý, maslahat alýan öz dogasynda sanawdakylary atma-at bagyşlasyn.
Eger oňa aýratyn agyr günäleri bölekleýin bagyşlamak kyn düşse, onda
oňa bu ýatlamalaryň ejir çekmesinden dynmak üçin gerekdigini aýdyň.
Bagyşlamak – azat bolmagyň iň kyn tapgyry we şondan soň maslahat
alýan köplenç diýseň uly ýadawlygy duýýar.
4-njiden 6-njy basgançak aralygynda garşylyk uly däl. Ten günäleri
barada aýdanymyzda, men Ýakup 5:16-dan çykgyt almagy halaýaryn.
Maslahat alýan öz günälerini açmaklyga siziň düşünmeklik bilen
garaýandygyňyzy ol bilmeli we aýdylanlaryň diňe ikiňiziň araňyzda
galjakdygyna ynandyrmaly.
Doly azat bolmaklyk adatça 7-nji basgançagyň ýerine ýetiriji
dogasyndan soň gelýär. Şondan soň men adama oňaýly oturyp, gözlerini
ýummagy tabşyrýaryn. „Sen bir zatlar eşidýärsiňmi?“ – diýip, men
soraýaryn. Düzgün bolşy ýaly maslahat alýan ýeňil ýylgyrmak bilen
şeýleräk jogap berýär: „Ýok, hiç zat. Ahyrsoňy kelläm ýeňledi. Men
azat“. Eger adam 2-nji basgançakda ynam nyşanyny okamakda kösense,
men oňa nyşany gaýtalap okap berýärin. Gaýtadan okamaklyk diýseň
ýeňil berilýär we muňa maslahat alýan haýran galýar. Proseduranyň
soňunda olaryň ýüzüniň alamatlary şeýle bir üýtgeýär welin, men olara
aýna seretmegi teklip edýärin. Mesihde azat bolmak şatlygy, hatda
daşky durkuňy hem üýtgedýär!
Maslahat alýana edinen azatlygyny goramagyň hökmandygyny
düşündiriň. Bolgusyz pikirlere we hereketlere biperwaý garaýanlar ony
ýitirmekleri mümkin. Azat bolmagyň soňundaky ýakyn günlerde we
aýlarda şeýtanyň adamyň üstünden ýitiren ygtyýarlygyny yzyna almaga
synanyşyk etmeginiň mümkindigini düşündirmek gerek. Emma siz
maslahat alýana gara güýçleriň üstünden gazanan ygtyýarlygyny dogry
ulanmagy öwreden bolsaňyz, ol berk durar. Eger ýene günäli durmuşa
baş goşsa, onda ol öňküsinden hem beter bela duçar bolar.
Şeýtan täsiriniň aýratyn ýagdaýlary
Menden köplenç çagalaryň gara güýçleriň täsirine düşüp biljekdikleri
barada soraýarlar. Men bu soraga tassyklaýjy jogaby berýärin. Meniň
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
187
talyplarymyň üçüsi öz çagalarynyň hiç bir sebäpsiz özlerini erbet alyp
barýandyklaryny aýdýarlar. Jezalandyrmak hiç hili täsir etmeýär. Men ol
talyplara öz çagalaryndan boýun bolmazlyk hakyndaky aýratyn pikirleriň
olaryň kellesine nireden gelýändigi barada soramaklaryny teklip etdim.
Ähli üç ýagdaýda hem bu şeýle bolup çykdy. Ata-enäniň ähli yhlasy bu
ýalan pikirleri ýok etmeklige gönükdirilen badyna, olara hiç hili temmi
berilmezden boýun bolmaklygy gazanmak başartdy.
Bir oglanjygy ata-enesi ogurlykda we ýalançylykda tutanda, ol oglan
şeýle diýdi: „Kaka, men muny etmäge borçly boldum. Bolmasa iblis seni
öldürjekdigini aýtdy“. Eger-de onuň kakasy menden şeýtanyň adamyň
aňyna edýän täsiri barada eşitmedik bolsa, onda ol ähli zady şeýtanyň
üstüne ýüklän ogluna temmi bererdi. Oňa derek ol öz ogluny torunda
saklaýan şeýtanyň duzagyny gyrdy. Ýalan we ogurlyk şondan soň
gaýtalanmady.
Çagany şeýtanyň çozuşyndan goramagyň iň oňat usuly, bu ýönekeý
we ýürekden ynam. Çagalar biziň pikir edýänimizden has köp zatlara
düşünýärler. Mundan başga hem olar biziň, ata-enäniň goragynda
ýerleşýärler. Eger siz özüňiziň Mesihde azatlygyňyzy işiňiz we dogaňyz
bilen goldasaňyz, onda siziň çagalaryňyzyň şeýtanyň alyna gitmek
howpy az bolar.
Men Stiw Russo bilen bilelikde „Biziň çagalarymyzyň imrinmeleri“ atly
kitaby ýazdym. Ol ata-enäniň we ruhy çopanyň çagalary şeýtan täsirinden
nähili goramalydygyny bilmekleri üçin niýetlenen. Birnäçe ýyllaryň
dowamynda ulular bilen işlemek arkaly men olaryň meseleleriniň entek
olar çaga we ýetginjek döwründe dörändigine göz ýetirdim. Eger çagalara
wagtynda kömek edilse, onda olary köp ýyllyk ruhy ýesirligiň ejirinden
gorap bolar. Bu kitabyň („Gandaly döwýänçi“) we „Garaňkylygy ýeňmek“
kitabynyň ýörite ýaşlar üçin neşirleri bar. („Garaňkylygy ýeňmek“ ýörite
ýaşlar üçin „Garaňkylygy kowmak“ diýip atlandyrylýar).
Menden şeýtanyň otaga edýän täsiri barada köp soraýarlar. Mysal
üçin birnäçe adamlar özleriniň öýlerini erbet ruhlaryň yzarlaýandygy
barada meni ynandyrdylar. Köplenç ruhy kynçylyklar adamyň özüne
gelýär, emma otagyň hem „gargyş siňýän“ wagtlary hakykatda bar (has
dogrusy onda erbet ruhlar hereket edýärler). Bu öň şol ýerde berjaý
edilen şeýtan dessurlarynyň, jenaýat işleriniň we ş.m. täsirinden ýüze
çykýar. Köp sanly mesihiler „territorial ruhlaryň“ aýratyn geografik
zonalara; şäherlere, ýurtlara we tutuş kontinentlere jogap berýän
ruhlaryň bardygyna ynanýarlar.
188
Gandaly döwýänçi
Bu barada mende gutarnykly pikir ýok. Eger kimdir birini öz öýüniň
„ruhy ýagdaýy“ aladalandyrýan bolsa, onda oňa her otagdan geçip, sesli
doga okamak bilen ony Hudaýa bagyş edýändigini aýtmaklygy maslahat
berýärin. Eger adam ol öýi kireýine alsa we ol oňa şübheli görünse, onda
ol ýerden göçmeli. Emma onuň hojaýyny mesihi bolup, bu öýi Hudaýa
bagyşlamaklyga garşylyk görkezmese, onda ýokarda aýdylan zatlary etmeli.
Gadyrly doganlar we uýalar! Biz özümize ýeňiş berip biljek urşy alyp
barýarys. Düzgün boýunça ýeňiş eýýäm biziňki, sebäbi Mesih arkaly
siziň adyňyz Durmuş kitabyna ýazylan. Siziň we siziň ýakynlaryňyz üçin
ýeňiş eýýäm gazanylan, size ondan peýdalanmak we onuň sizi taşlap
gitmezligini gazanmak galýar.
Jemleýjide men size ýene bir ýeňşiň taryhyny aýdyp bermek isleýärin.
Sindi, mesihi mekdebiniň uçurymy özi bilen bir ynamda bolan ajaýyp
adama durmuşa çykdy. Emma birnäçe sebäplere görä ýaş çatynjalara
doly derejeli nikaly durmuşy alyp barmak başartmady. Ilki bilen Sindide
weneriki ýokanç kesel ýüze çykdy, soňra ony entek çaga wagtynda
kakasynyň zorlandygy baradaky ýatlamalar azar berdi. Ol kömek sorap,
psihoterapewte ýüz tutdy, emma netije bolmady. Şondan soň şeýtan
dessurlarynda özüniň pida bolandygy onuň aňyna geldi we bu onuň
duýgularyna ters täsir etdi.
Aljyraňňylyga düşen Sindi uçara münüp, göni Los-Anželosa, meniň
huzuryma geldi. Öz wagtymyň diýseň çäklidigine garamazdan, maňa
onuň bilen alty sagatlyk seans geçirmek başartdy. Soňra ol yzyna
dolandy. Biziň duşuşygymyzdan bir ýarym aý geçenden soň, men ondan
şu haty aldym:
Gadyrly Nil!
Men ýene bir gezek siziň maňa mundan birnäçe hepde öň beren
kömegiňiz üçin minnetdarlyk bildirmekçi. Men özümi Hudaýyň
täsinlik bilen sagaldandygyny doly ynam bilen aýdyp biljek.
Bu çaka çenli meniň durmuşym içki gapma-garşylyklaryň
sebäp bolmagy bilen fiziki hem ruhy agyrydan doludy. Meni
her hili gorkular yzarlaýardy, meni öz içki sesim gorkuzýardy,
gijelerine maňa arwahlar görünýärdi. Ölümden gorkmak meni
hiç ýana goýbermeýärdi. Wepaly we diýenediji mesihidigime
garamazdan, soňky höküm güni Mesihiň meni taşlap gitjekdigi
baradaky pikir menden gitmeýärdi.
Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli
Çak bilen bir ýarym ýyl mundan ozal men özümiň indiden
beýläk bu ýagdaýda ýaşap bilmejekdigime göz ýetirdim we
kömek sorap ýüz tutdum. Hudaý maňa gulluk edip, dogry ýola
saljak oňat adamlary duşurdy. Mesihe ynamda edilen ähtlere
bil baglamagy öwrenmek bilen, men özümi içki kalbymda
berk duýdum. Ruhy garşy durmaklyk meniň üçin gizlin syr
bolmagyny bes etdi.
Geçen tomusda Hudaý maňa özümiň pidasy bolan elhenç
zorlanmak dessuryny ýatlatdy. Şondan soň ruhy garşy
durmaklyk ýiti häsiýete eýe boldy. Hilegäre garşy durmak üçin
men öz köp wagtymy Mukaddes Sözi okamaga, doga okamaga
we pikirlenmäge sarp edýärdim. Şeýle hem men duşmana
açyk garşy durýardym. Ukusyzlyk, alada we göreş bilen iki
aýdan soň, men özümi bu dowzahdan diňe Mesihiň gutaryp
biljekdigine düşündim.
Siziň ýanyňyza Los-Anželosa kömek sorap ugramazymdan öň,
Hudaýyň görkezmesi bilen Injilden birnäçe ýerleri okadym:
Zebur 12:7; Mika 7:7, 8; Eýýup 23:10. Biziň duşuşygymyz
meniň gutulyşymyň esasy ýaragy boldy. Men öz geçmişimiň
elhençliklerini ýene bir gezek duýup geçen birnäçe sagadymda,
men özümi zorlan ýigrimi adamy bagyşladym, men azatlygy
gazandym. Menden öňde barýan we şeýtany haçdaky ölümde
ýeňen Hudaýa şükür (Ýewreýl. 2:14, 15).
Şeýtandan dynyp, ýene sagdyn pikirleri almak nähili uly bagt!
Mundan bu ýana ýüregiňde dowzahy saklap, mesihilik şatlygyny
daşky görnüşden görkezmeklige çalyşmagyň geregi ýok. Meniň
bilen bolup geçýän zatlara düşünmegim üçin, Reb maňa Işaýa
pygamberiň bir aýadyny berdi: «Çünki Reb oňa göwünlik berýär,
onuň ähli harabalaryna göwünlik berýär, hawa, çölüni Erem we
sährasyny Rebbiň bagy ýaly edýär; ondan şatlyk we begenç,
şükür we nagma sesi eşidiler» (Işaýa 51:3).
Söýgi bilen Sindi
189
190
BEL L IKL ER
1-nji bap – Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl
1. Göni ýazyjynyň sözi. Çykgyt d-r Haýbert bilen söhbetdeşlikden alyndy.
2-nji bap – Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.
1.Ç. Fred Dikason, Demon Possesion and the Christian (Chicago: Moody
Press, 1987), pp 226‑27).
5-nji bap – Isa size kömek eder
1. Jessie Pen Lewis, War on the Saints, 9th ed. (New York: Thomas E. Lowe,
Ltd., 1973)
2. Theodor H. Erp, Praying with Authority (Lincoln, NE: Back To to Bible
Broadcast, 1965), p. 98
3. C. Fred Dickason, Demon Possesion and the Christian (Chicago: Moody
Press, 1987), p 255.
6-njy bap – Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.
1. C. S. Lewis, The Screwtape letters (Old Tappan, NJ: Fleming H. Revell, 1978).
2.Michael Scanlan, T.O.R, and Randall J. Cirner, Deliverance from Evil
Spirits (Ann Arbor, MI: Servant Books, 1980), p.16.
3. Everett Ferguson, Demonology of the Early Christian World, Symposium
Series, Vol. 12 (New York. Edwin Mellen Press, 1984), p. 118
10-nji bap – Daşky sypat ýalançy bolýar
1. Martin Wells Knapp, Impressions Wheaton, IL: Tyndale House Publishing,
Inc., 1984), neşirinden 14, 15 sahypalar alnan
11-nji bap – Gözegçiligi ýitirmek
1. Merrill F. Unger, What Demons can Do to Saints (Chicago: Moody Press,
1977), 51 sah
2. (Ibid)
3. Merrill F. Unger, What Demons can Do to Saints (Chicago: Moody Press,
1977), 51 sah
12-njy bap – Mesihde erkinlige tarap ýol
1. Ferguson, Demonology, 130 sah
2. Ferguson, Demonology, 127 sah
Mazmuny
Uzak garaşylan erkinlik. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 3
Umytdan düşmäň!
1. Siz garaňkylykda ýaşamaga borçly däl. . . . . . . . . . . . . . .
2. Häzirki zaman durmuşdaky ýaşaýyş.. . . . . . . . . . . . . . . .
3. Siziň halas bolmaga hukugyňyz bar. . . . . . . . . . . . . . . . .
4. Günäli perişde bilen göreş . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
5. Isa size kömek eder. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .
10
19
30
44
58
Göreşiň!
6. Erbet ruhlar bilen ýüzbe-ýüz bolmak.. . . . . . . . . . . . . . . . 74
7. Ylmyň we güýjüň özüne çekijiligi. . . . . . . . . . . . . . . . . . . 87
8. Hudaýsyz ýaşamaklygyň özüne çekijiligi. . . . . . . . . . . . . . 98
9. Ýalan pikirlere ynanmaň. . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 111
10. Daşky sypat ýalançy bolýar . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 120
11. Gözegçiligi ýitirmek . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 135
Erkin boluň!
12. Mesihde erkinlige tarap ýol . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . 146
13. Halas bolmaklary üçin başga adamlara nähili kömek etmeli. . . 172
Islendik ugurdan söýgüli elektron
kitaplaryňyzy okamaga alyň.
http://kitabi-knigi.com

Benzer belgeler