ıçege iokançlyklary

Transkript

ıçege iokançlyklary
IÇEGE ÝOKANÇLYKLARY
Ýazan: Lukman
Anna, 17 Iýun 2011 17:12
Bazarlarda duza ýatyrylan kömelekleri satyn alyp ýa-da ulanyş möhleti geçen süýt önümleri,
konserwalar bilen iýmitlenip, biz içege ýokançlyklaryna uçrap bilýäris. Nahardan öň ýa-da
hajathana girenimizden soň elimizi ýuwmagy ýadymyzdan çykaran wagtymyzda, bakja
önümlerini, ir-iýmişlerini göwnejaý edip ýuwmaga ýaltanýan halatymyzda hem içege
ýokançlyklarynyň ýokuşma ahtimallygy artýandyr. Uzak ýola syýahata gidýän adamlarda
"syýahatçynyň iç geçmegi" ýüze çykyp biler.
"Içege ýokançlyklary" düşünjesi, ýokanç keselleriň uly toparyny öz içine alyp, iýmit
siňdiriş ulgamynyň zeperlenmegi we iç geçme (diareýa) alamatlary bilen häsiýetlendirilýändir.
Ondan başga-da, ýürek bulanma, gaýtarma, garynda agyrynyň döremegi hem ýüze çykyp biler.
Ýiti içege ýokançlyklary öz ýaýraýşy boýunça, dem alyş ýollarynyň ýiti sowuklama kesellerinden
soň ikinji ýerde durýandyr. Keselçilik tomus aýlary has artýandyr, ýöne gyş aýlary hem wiruslar
bilen ýüze çykan içege ýokançlygy duş gelip biler.
Içege ýokançlyklary dürli-dürlüdir: bakteriýalar (salmonella, ganly iç geçmäni döredýän şigella,
içege taýajygy, stafilokokk), wiruslar (rotawirus, enterowirus,astrowiruslar), ýönekeýler
maşgalasyna degişli (amýoba, lýamblýa) ýokançlyklary. Dürli-dürli içege ýokançlyklary 30-a
golaý keseli döredip bilýärler. Olaryň içinde iýmit zäherlenmesi iň ýeňil geçýän görnüşde
bolsa-da, mergi, botulizim, garyn garahassalygy adama uly howp salyp biler.
Näsagdan ýa-da ýokançlygy göteriji adamlardan ýokançlyk daşky gurşawa täret, gaýtarylan
iýmit galyndylary, käwagt peşew arkaly düşüp biler.
Içege ýokançlyklary toprakda, suwda, dürli zatlarda (meselem, çemçeler, tarelka, gapy
tutawaçlary, mebelde) uzak wagt ýaşap bilýärler. Ylaýta-da olar süýt önümlerinde, üwelen etde,
et çorbasynda, suwda (has hem tomus aýlary) örän çalt köpelýärler.
Sag adama içege ýokançlyklary agyzdan düşüp biler: iýmit, suw arkaly, hapa elleriň üsti
bilen(şol sebäpli oňa, "hapa elleriň keseli" hem diyiyär). Meselem, ganly içgeçme
gaýnadylmadyk süýt ýa-da ondan edilen peýnirçe, gaýmak iýlende hem döräp biler. Içege
1/5
IÇEGE ÝOKANÇLYKLARY
Ýazan: Lukman
Anna, 17 Iýun 2011 17:12
taýajygyny hili pes bolan gatyk ýa-da ýogurt bilen "iýip" bolar.
Stafilokokk ýokançlygy kremli tort önümlerinde özüni oňaýly duýýandyr. Salmonellýoz
döredijiler (olaryň 400 görnüşi bellidir) islendik zäherlenen önümlerde – towuk eti we
ýumurtgasy, gaýnadylan şöhlat , büzmeçeler, çala ýuwlan bakja önümleri we gök otlarda duşup
biler.
Agyzdan ýokançlyk aşgazana, ol ýerden hem içegelere düşüp, köpelip başlaýandyr. Içege
ýokançlygynyň inkubasion döwri 6-48 sagady öz içine alýar.
Keseliň alamatlaryny ýokançlygyň özi ýa-da onuň bölüp çykarýan zäheri (toksini) döredýändir.
Içege ýokançlyklary ýiti gastrit (garnyň ýokarky böleginde agyry hem-de gaýtarma), enterit (içiň
geçmegi), kolit (täretde ganyň görünmegi we onuň bozulmagy), enterekolit (içegäniň hemme
bölekleriniň zeperlenmegi) görnüşde ýüze çykyp biler.
Keseliň başynda näsagy ysgynsyzlyk, kelle agyry, işdäniň peselmegi, bedeniň gyzgynynyň
galmagy biynjalyk edýär. Biraz wagtdan ýürek bulanma, gaýtarma, garynda sanjyly agyrylar,
içiň geçmegi, içegäniň ýellenmegi ýüze çykýar. Käbir içege ýokançlyklaryň öz ýüze çykyş
aýratynlyklary bardyr. Meselem, rotawirus ýokançlygy üçin gaýtarma, suwuk görnüşli
täretlenme, umumy ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýeňil geçiş häsiýetlidir. Näsag bilen
gatnaşykda bolan ulular we çagalar hem keselläp bilerler.
Ganly içgeçmä (dizenteriýa) bolsa, içiňde ýüze çykýan güýçli sanjyly agyrylar, nemli we ganly
täret etme ýaly alamatlar bilen agyr görnüşde geçmek mahsusdyr. Batgalygyň läbigine meňzeş
ýaşylymtyl, suwuk täretiň döremegi bolsa salmanellýoz üçin häsiýetli alamatdyr.
"Syýahatçylaryň iç geçmesi" diýip, öz hemişelik ýaşaýan ýerini üýtgeden
ýagdaýynda, günde üç we ondan hem kän gezek bolýan içiň geçme ýagdaýyna düşünilýär. Bu
alamatlar syýahatçyda ýerli içege ýokançlyklarynyň täsir etmegi netijesinde ýüze çykýandyr.
Ýiti içege ýokançlyklarynyň iň howply gaýraüzülmeleriniň biri hem, bedeniň iç geçme we
gaýtarma netijesinde suwsuzlanmagydyr. 2 ýaşdan kiçi çagalarda we garry adamlarda bu
2/5
IÇEGE ÝOKANÇLYKLARY
Ýazan: Lukman
Anna, 17 Iýun 2011 17:12
ýagdaý has hem agyr geçýändir. Bedeniň suwsuzlanmagyna içiň geçip, günde 5 gezekden
artyk gaýtarma, örän suwuk görnüşli täret, üznüksiz gaýtalanýan gaýtarma, bedeniň
gyzgynynyň galmagy bilen (39-40 Cº) geçýän içege ýokançlyklary getirip biler.
Bejerilmedik suwsuzlanma ýagdaýy böwrek ýetmezçiligi, şok (suwuklygyň ýitirilmegi sebäpli)
ýagdaýynyň ýüze çykmagynyň sebäbi bolup biler.
Içege ýokançlyklaryny meňzeş alamatly başga kesellerden tapawutlandyrmak möhümdir:
dermanlar bilen bedeniň zäherlenmegi, ýiti köriçege, ýüregiň infarkty, öýken sowuklamasy,
ýatgydan daşary dörän göwrelilik ýagdaýy.
Ýiti içege ýokançlyklaryny ýada salýan alamatlar ýüze çykan badyna ýokanç keseller
lukmanyna ýüz tutmalydyr. Keseli dogry anyklamak maksady bilen lukman täreti we gaýtarylan
iýmit galyndylaryny bakteriologiki barlaga iberýändir. Zerurlyk ýüze çykanda anyklaýşyň
serologiki usuly hem ulanylýar.
Içege ýokançlyklarynyň bejergisi ýörite berhiz tutmakdan başga-da, iýmit siňdiriş ulgamyna
hemme taraplaýyn täsiri talap edýändir:
Keseliň alamatlary we bakteriologiki barlagyň netijesine görä, içege antiseptiklerini
(furazolidon,ersefuril, nifuroksazid) ýa-da ýokançlyklara garşy serişdeleri (metranidazol,
ftorhinolin toparynyň dermanlaryny, eritromisin, seftriakson we ş.m.) ulanylyp bilner. Häzirki
wagtda ýeňil we orta agyrlykda geçýän içege ýokançlyklaryna antibiotikleri ulanmakdan
saklanýarlar. Eger-de mümkinçilik bolsa, keseliň ýiti döwründe ýokançlyga garşy ýokary täsiri
bolan immunoglobulin serişdesini ulanmak bolýar. Eger ýokançlygyň görnüşi anyklanylan bolsa,
bakteriofag (meselem, intesti-fag, salmonellýoz bakteriofagy we başgalar) hem ulanmak
peýdaly netijäni berer.
Içegäniň kadaly içki gurşawyny düzýän dürli bakteriýalary saklaýan serişdeleri ulanmak
– Lineks, bifudum bakterin, floradofilýus .Olary keseliň ýiti döwri geçenden soň hem 7-10 gün
aralygy kabul etmek maslahat berilýär. Iýmit siňdiriş agzalarynyň işini ýeňilleşdirmek maksady
bilen ferment serişdeleri bolan, mezim, panzinorm forte, kreon - 5-10 gün kabul etmelidir.
Bedeniň suwsuzlanmak ýagdaýy ýüze çykan ýagdaýynda, esasan hem ýaş çagalarda,
ýitirilen suwuň öwezini dolmak hökmany bejeriş çäresidir. Onuň üçin duz erginleri (regidron),
5%-li glucoza ergini, çaý içirmelidir. Kiçi çaganyň agramyny we suwsuzlanmanyň derejesini göz
öňüne tutup, duzly erginleriň kabul ediş mukdaryny lukman belleyändir.
Bedenden ýokançlyklaryň toksinlerini çykarýan serişdeler bolan Smekta, pekto, filtrum,
3/5
IÇEGE ÝOKANÇLYKLARY
Ýazan: Lukman
Anna, 17 Iýun 2011 17:12
kömrüň gerdejiklerini bermelidir.Ondan başga-da, içege ýokançlyklarynda ýüze çykýan
alamatlara baglylykda: ýürek bulanma we gaýtarmada – motilium, garynda ýüze çykan
agyrylarda – no-şpa, bedeniň gyzgyny galanda – gyzgyny peseldiji dermanlary ulanyp bolar.
Içege ýokançlyklaryň ýiti döwründe, imodium we ş.m. serişdeleri ulanmakdan saklanmalydyr.
Olar iç geçmäni saklaýan dermanlar bolup, içege diwarlarynyň gysylmagynyň öňüni alýandyr we
içegeden gana ýokançlyk zäherleriň düşmegine getirip biler. Bu bolsa bütün bedeniň
zäherlenmegine getirer.
Içege ýokançlyklarynyň esasy bejergisine goşmaça halk serişdelerini hem ulanmak
peýdalydyr: nar gabygynyň gaýnan suwy, tüwüniň suwy, dub agajynyň gabygy. Bu halk
serişdeleri içiň geçmegini saklamaga kömek edip biler.
Içege ýokançlyklary köplenç öý şertlerinde bejerilýär. Aşakdaky ýagdaýlar ýokanç keseller
keselhanasyna ibermäge görkezme bolýar:
Gyzgynyň galmagy, saklap bolmaýan gaýtarma we iç geçme bilen geçýän agyr
ýokançlyk;
Bejerginiň peýdasyzlygy netijesinde bedende ýüze çykýan suwsuzlanma ýagdaýy;
Newrologiki alamatlaryň ýüze çykmagy (tutgaýlar, samrama, huşuň ýitmegi);
Näsag adam ýa-da çaga gerekli ideg hem-de bejergi çäreleri geçirmäge mümkinçilik
bolmadyk ýagdaýlary.
Içege ýokançlyklarynyň öňüni almagyň iň ygtybarly ýoly – bu şahsy arassaçylyk çärelerini
berjaý etmekdir:
-
Nahardan öň we hajathana barlandan soň eliňi ýuwmak;
Suwy we süýdi gaýnadyp içmek;
Eti we balygy gowy bişirip iýmek;
Tiz zaýalanýan önümleri sowadyjylarda saklamak;
Bakja önümleri we ir-iýmişleri gowy ýuwup iýmek.
Çäreler, ýönekeý we belli hem bolsa, sizi ýakymsyz içege ýokançlyklaryndan halas eder. Iýmit
4/5
IÇEGE ÝOKANÇLYKLARY
Ýazan: Lukman
Anna, 17 Iýun 2011 17:12
önümleriň, içgileriň hili sizde şübhe döredýän bolsa, olary iýmekden we içmekden saklanyň!
5/5

Benzer belgeler

bız näme üçın iadaiarys?

bız näme üçın iadaiarys? Köp halatlarda ýadawlylyk ýagdaýy bedeniň suwsuzlanmagy sebäpli döräp, ýaşaýyş üçin wajyp suwuň ýetmezçiligi agzalardaky ganyň aýlanşygyny kynlaşdyrýar we bu ýaramaz duýgynyň ýüze çykmagyna sebäp b...

Detaylı

öpüşmegıň peidasy we zyiany

öpüşmegıň peidasy we zyiany Öpüşmäniň dowamynda tüýkülik mäzleriniň işjeňligi artyp, tüýkülik köp emele gelýär. Bu bolsa diş syrçasynyň berkemegine ýardam berýär, sebäbi tüýküligiň düzümindäki kalsiý we fosfor diş çüýremesine...

Detaylı

erkeklerde klımakterıia döwrı

erkeklerde klımakterıia döwrı agyrylar çep pilçä ýa-da çep gola berip biler. Agyrylar islendik wagt, esasan hem gije ýüze çykyp, olar fiziki dartgynlylyk bilen bagly bolmaýar. Käwagtlar agyrylar tolgunma ýa-da bedene gyzgynlyly...

Detaylı