soiuz hem garaşsyzlyk

Transkript

soiuz hem garaşsyzlyk
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Täçgeldi Gutlyýew
SOÝUZ HEM
GARAŞSYZLYK
Publisistika
Elektron görnüşde taýýarlanlar:
Şamuhammet Suwtyýew
Pälwan Muhyýew
Aşgabat一1992 ýyl
www.ertir.com/kitaphana
1
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Täçgeldi Gutlyýewiň «Soýuz hem garaşsyzlyk» atly publisitik işi 1991-nji ýylyň 16-njy
martynda «Ýaş komunist» gazetinde çap edilipdi. Şondan ýedi aý soňra Türkmenistanyň öz
garaşsyzlygyny alyp bilmegi bilen okyjylaryň bu esere islegi has da artdy.
«Soýuz hem garaşsyzlyk» Eýranda «Garaşsyz Türkmenistan» diýen at bilen broşýura
edilip çykaryldy. Häzir türk we nemes dillerinde neşire taýýarlanylýar. Eliňizdäki kitap
gazetda öň düýpli gysgaldylyp çap edilen bu syýasy publisistik işiň indi Türkmenistanda
neşir edilen doly we üstünden işlenilen görnüşidir.
BBK 84. Tur7
G 87
Gutlyýew Täçgeldi
G 87 Soýuz hem Garaşsyzlyk: Publisistika一A.: «Altyn guşak» Türkmen filialynyň Aşgabat
bölümi, 1992.
G 4702590201 BBK 84. Tur7
«Altyn guşak Türkmen filialynyň Aşgabat bölümi, 1992 ý.
Gutlyýew T., 1992 ý.
www.ertir.com/kitaphana
2
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
www.ertir.com/kitaphana
3
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
IKINJI GEZEK BÖKMELIMI
Ýene soýuza girip ýaşamalymy ýa-da ondan el göterip, garaşsyz döwlet bolup
ýaşamaly?
XX asyrda şu mesele türkmeniň öňünde iki öwra keserdi. Birinjisi 1924-nji
ýylda, ikinjisem häzirki 1991-de.
Birinji saparda ýüzümizi Moskwa tutup, soýuza «Urra» bilen girdik. Ol döwürler
ata-babalarymyzyň ençemesi «Bary ýogy 50一60 ýylyň içinde kapitalizmiň üstünden
bökdürip, feodalizmden sosializme, ondanam kommizme düşürderis» diýen hoş wada
berilse, şeýlemikän öýdüp, Allataga ynanmalaryny goýaga-da, ur-tut garageýim
bolşewiklere sygynypdylar, ykbal jylawlaryny olaryň ellerine tutdyrypdyrlar. «Jan
palçawik (bolşewik bolmaly), özüň bilýäň». Ine, onsaň, « adamyň bökegen
maýmyndan emele gelendiginden» ruhlanaga-da: «Ýa kompartiýa» diýip bökdük.
Arman...
Ýa arkamyzda jylawly çekýän ýükümiz agyr boldy, ýa biz maýmynça ýok, ýa-da
«bökmek» diýen genial taglymatyň ugry ýok, garaz, 68 ýyllyk bökûşden soň patylap
düşen ýerimiz Leniniň per ýassykly, ýüpek düşekli kommunizmä bolmady. Üstümizi
kakyşdyryp, ýerimizden tursak, daş-töweregimiz durşyna çaga mazarlary, kaloş, çyra
çüýşe nobatlary, pagta zäheristanlygy, aşagy boşap titreýän ýerler bolup dur. Bir bol
zadymyz aýdym-saz eken. Ýaňky çaga mazarlarynyň üstüne çykylyp, gije-gündiz
lalalaýlanýar. «Gül ýalakla, gül ýalak».
Indem, maýmyn ýylynyň öň ýanyndaky goýun ýylynda sada halka ikilenç
bökmeli diýilýär. Şygaram, mowzugam şol öňki diýen ýaly. Bir tapawutlyja ýeri 17nji martdaky referendumda ses berilmeli «Siz dürli milletden bolan adamlaryň
hukuklary we azatlygy doly derejede kepillendirilen deň özygtyýarly respublikalaryň
täzelenen federasiýasy hökmûnde Sowet sosialistikalaryň täzelenen federasiýasy
hökmünde Sowet sosialistik respublikalary Soýuzyň saklanyp galmagyny zerur hasap
edýärsiňizmi?» diýen sowala öňki sosializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda
öňki soaializm, kommunizm diýen wadalaryň ornunda öňki soaializm, kommunizm
diýen wadalaryň ornunda demokratiýa, deň hukuklylyk diýen wadalar ýazylypdyr. Şu
wadalara ynansaň «Soýuz» diýip, bökmeli, ýogsamam...
Ýöne bu sapar «Urradan» üýtgeşik seslerem çykyp başlady... Ruslar bilen
ýaponlar deňeşdirilende «Bir iş gaýryljak bolnanda şol işi ýaponlar-a öňünden,
ruslaram soňundan oýlanyp edýärler» diýilýär. Dogrudanam, 70 ýylyň hupbatlaryndan
soň ruslar indi kelle döwýärler. Ynha, olaryň liderlerinden Ýelsin refendumyň öň ýany
merkezi telewideniýede çykyş edip: «Respublikalara doly suwerenitet bermek taryhy
zerurlyk» diýip ýanjaýar. Beýik ýazyjylary Solźenisyn bolsa «Как нам обустроить
www.ertir.com/kitaphana
4
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Россию» diýen makalasynda («Komsomolskaýa prawda», 1990, 19.09) şeýle ýazýar.
«Bize gaýra goýmazdan çürt kesik aýtmak gerek : pribaltika respublikalarynyň
üçüsem, zakawkazýe respublikalarynyň üçüsem, Orta Aziýa Respublikalarynyň
dördüsem, Ruminiýany küýseýän bolsalar Moldawiýa hem gep-gürrüňsiz hökman
aýrylmalydyrlar. Ine, şu on ikisi aýrylandan soň Rus ýa-da Rossiýa diýip, nämä
aýdylýan bolsa, şol hem galar. Eger olardan käsi «aýrylsakmykan?» diýip ýaýdansa
näme? Onda şol çürt kesiklik bilen olardan aýrylýandygymyzy biz yglan etmelidiris».
Şu yglana garaşman Gürjüstan, Moldowo, Latwiýa, Litwa, Estoniýa ýaly respublikalar
soýuzdan çykyp ýörler.
Ýaponlar öňünden, ruslar soňundan oýlanýan bolsalar, biz tûrkmenler haçan
oýlanarkak? Radiony, telewizory diňleseň, gazetlary okasaň biz ikinji böküşlige hem
«Urra» bilen yňdarylyp barýarys. Emma, ýaňy görşümiz ýaly, beýleki respublikalarda
meseläniň 1991-de durşy bilen 20-nji ýyllardaky durşynyň arasynda ýer bilen gök ýaly
tapawut bar. Ol wagtlar garamaýak halk «kommunizm, kommunizm» diýilse, geljekde
oňa ýetiljegine hudaýa ynanan ýaly ynanýardylar. Emma tutuş ýetmiş ýyllap
garaşansoňlar, ahyram «Hydyr diýenleriniň hyrs çykandygyna» pugta göz
ýetirensoňlar, olar «kör hasasyny ikilenç aldyrtmaz» diýýärler. Şonuň üçinem, biz
türkmenler 98 göterim (prosent) ses berenimizde hem düwüniň çözülmezligi ahmal.
Şoňa görä-de, meniň halka, il-güne şeýle sowallar bilen ýüzlenesim gelýär. «Eger
birden soýuz saklanmasa näme? Şonda biz näme etmeli? Türkmen baýdagynyň
astynda öz garaşsyz döwletimizi gurmagyň hajatyna çykmalymy? Eger soýuz
dagaman galaýsa oňa «özbaşdak ýaşap biljek däl» diýip girmelimi ýa-da islesek
garaşsyz döwleti berkarar hem edip biljekligimiz, onda-da has baý, has gurply ýaşap
biljekligimiz hakynda beýannamamyzy aýtmak bilen belent mertebeli mert girmeli?
«Näme bolsa şol bolsun edip, geçen ýüz ýylda, has hem soňky ýetmiş ýylda köp iýip
köse gägiren baýlyklarymyza göz ýumup girmelimi ýa-da olaryň hasap hesibini dürs
bişirip, öwezini talap edip alyp, onsoň girmeli? Referenduma halkymyzyň müňlerçe
ýyllyk gojaman taryhyna, şol taryhdaky üstünliklerine we astyndakylaryna ser salyp
barmalymy ýa-da: «Türkmen halky 17-de doguldy» diýen aýdym aýdyp barmaly?
Akyldarlaryň biri «Otaga girmezden burun (öňürti) nähili çykjagyň hakda oýlan»
diýipdir. Ine, şertnama esasynda Soýuza girdik diýeliň. Eýsem, ondan çykmagyň
düzgünleri berk işlenip düzüldimikä? Ýewropada ýerleşse-de, 300 ýyllyk mongol-tatar
«saýasynda» aziýalaşan Russiýada jemgyýet esasan kanun däl-de, şahsyýet arkaly
dolandyrylýar. Eýsem ertir täze stalin, hruşýew döräge-de, döwlet agdarylyşygyny
guraga-da şertnamaňy, kanunyňy karamlap ýatyraýsa näme, ýene öňki güni dikeldaýse
näme?
Ine şu graždanlyk sowallar referendum jygba-jyglaşdygyça Gutbannazaryň
dilinde aýtsak «Gijeler ýassygma çüý bolup çümýär». Men ahyry sesimiň her näçe
kiçijikligine garamazdan, «ümsüm oturmazlygy» müwessa bildim. Belki
www.ertir.com/kitaphana
5
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Magtymgulynyň aýdyşy ýaly «Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr».
KOLONIALIZMYŇ TERJIMEHALYNDAN
Megerem okuw kitaplarymyzyň birindäki suratda eline, aýagyna, boýnuna urlan
gandaly gyryp duran daýaw afrikan negri köpümiziň ýadymyzdadyr. Biz şu çaka çenli
kolonializmden azatlyga çykan hebeşilere guwdurap geldik, emma şol wagtyň özünde
özümiziň bu gandala berk baglanandygymyzy welin bilmeýärdik. Häzir 20一30 ýyl
bäri azat howadan dem alýan hebeşiler biziň gandaldan boşap barşymyza guwanyp
seredýärler.
Biz häzirem «Watan» diýdirilýän ýere «ak altyn», «gara altyn» ugratmagyň
ugrunda elip kaddy dal edip ýörşümize, işden soňam garbanalgaň yzynda gowadaklap
ýörşümize bir zady 一köne soýuzyň mysalynda dünýä kolonial sistemasynyň iki sany
iň soňky sütüniniň biriniň gün-günden barha ýykylyp barýanyny aňşyramyzok
Köp babatda formal hem bolsalar respublikalaryň özbaşdaklyk hakda kabul eden
Jarnamalary ol sütüne urlan agyr zarba boldy. Köne merkezden, ýagny
metropoliýadan daşlaşmak akymy gün-günden güýçlenýär. Metropoliýanyň arabasy
barha jygyldaýar.
«Soýuz täze tipli döwletdi ahyry, ol nähili kolonializmyň galyndysy bolýar?»
diýýäňizmi? Muňa jogap bermek üçin söhbeti kolonializmyň döreýiş taryhyndan
başlalyň. Mälim bolşy ýaly, gadymy Rim bilen bäsleşen Parfiýany esaslandyran,
araplardan soňra bolsa Gündogarda iň uly döwlet gurup, Kaşgardan Ortaýer deňzine,
Kawkaz daglaryndan Ýemene çenli ägirt uly ýurtda (Häzirki Türkmenistanyňkydan
14-15 esse uly meýdan) hökümini ýöreden türkmenlerdi. Türkmen taryhynyň altyna
çaýylan ol asyrlarynda Ýewropa V asyrda ýykylan Rim imperiýasy soňra ýatyşy ýaly
Orta Asyr garaňkylygynda uklap ýatyrdy.
Dogry, türkmenler musulman baýdagy astynda Iýerusalimi basyp alyp, Ispaniýa
çenli aralaşanlaryndan soň hristiýanlar şol beýik haçly ýörüşleriň 8 sini guradylar.
Ýöne ol ýörüşler netijesiz gutaransoň, ýene ukularyna çümdüler. Olar şondan bäri
hem uklaşyp gelýärler. Ýewropa bolsa birden XV asyryň aýagynda oýanyp ugrady.
Siz «Beýik geografik açyşlar döwri» diýip eşidensiňiz. 1492-nji ýylda Kolumbyň
Amerikany açmagy, 1498-nji ýylda Wasko de Gamonyň Afrikanyň daşyndan
aýmanyp Hindistana barýan ýoly tapmagy, 1919一21-nji ýyllarda Magellanyň Ýer
şarynyň togalakdygyny subut etmegi aslynda geografik däl-de, kolonial açyşlardy.
Çünki kolonial basyp alyşlar şol döwürden başlanýar. 1493-nji ýylda häzirki kiçijik
Portugaliýa bilen Ispaniýa Ýer şaryny alma bölen ýaly iki bölege bölüp, hersi özüni
bir bölegiň eýesi atlandyrýar. Eýýäm 1505-nji ýylda bolsa özüne degişli «mülkdäki»
www.ertir.com/kitaphana
6
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
ýurtlary basyp almak üçin Portugaliýadan dişine çebli ýaraglanan harby gåmileriň 20si ýörüşe çykýar.
Portugaliýadan soň Ispaniýa, Niderlandiýa, XVII asyrda Angliýa, XVIII asyrda
Fransiýa niredesiň Demirgazyk we Günorta Amerika, Afrika, Aziýa, Awstraliýa,
Okeaniýa adalary diýip, ýörüş üstüne ýörüş gurnaýar. XVIII asyrda «dünýä äpişge
açmaly» diýip, Russiýa hem basyp alyşlara giňden başlaýar. Kolonizatorlar baran
ýerlerinde ilki köplenç ýerli ilat bilen söwda edýärler. Soňra söwda kontrollaryny
gurýarlar. Yzyndanam, şol kontrollary goramak bahanasy bilen harby berkitmeleri
salýarlar. Şondan soňra berkitmelere goşun, ýarag getirip, şol ýurdy basyp alýardylar.
Türkmenistany basyp alanda Russiýa hem şu usuly ulanypdy. Ilki Kaspiniň (Hazaryň)
türkmen kenarlarynda一Şagadamda, Çekişlerde berkitmeler gurupdy, soňam XX
asyryň başlaryna çenli dünýä paýlaşylyp tamamlandy.
Munuň özi paýlaşykda çolpylaryna süwütli koloniýa ilmedik ýurtlar zerarly ilki
Birinji, soňra ikinji Jahan urşunyň tutmagyna getirdi. Koloniýal ýurtlar, protektoratlar,
wassallar, diminionlar... dört asyrdan gowrak wagtyň içinde metropoliýalara 一 ýagny,
basyp alan ýurtlara ägirt uly girdeýjiler berýärdi. Olar metropoliýalar üçin hem-ä çig
mal ýurtlarydy hem-de şol çig mallardan öndürilen harytlary satar ýaly elin bazardy.
Ýöne XX asyryň ortalarynda öz wagtynda krepostnoýçylygyň jemgyýetiň ösüşine
duşak bolşy ýaly, kolonializm hem päsgel berip başlady. Koloniýal halklar bolsa öz
mertebeleri, azatlyklary üçin göreşip ugradylar. Netijede, metropoliýalar
koloniýalaryndan el çekip başladylar. Meselem, Angliýa 1947-nji ýylda mejbur bolup,
öz koloniýalarynyň aglabasyna garaşsyzlyk berdi. Şu ýerde 1919-njy ýylyň tomsundan
1920-nji ýylyň fewralyna çenli Angliýanyň Zakaspini elinde saklandygy ýadyňa
düşýär. Özüň bir halkkaň «pylan halk hojaýyn bolsady» diýmek gaty ýamanam bolsa,
geliň, ýedi asyrlyk hatapgaladan soň lagar düşen türkmeniň asyryň başynda
koloniýallykdan başgaça ýaşara ýagdaýynyň umuman ýokdugyna real düşünmek
bilen, şeýle sowaly orta atalyň. Eger biz şonda Angliýanyň elinde galan bolsak, nähili
gün başymyza gelerdi? Megerem mundan 40一45 ýyl ozal gupbaly jaýymyzyň
depesinde garaşsyzlyk baýdagymyzy parladyp, bu wagta çebli BMG-niň hataryna
girýän özbaşdak garaşsyz döwlet bolup oturardyk.
Çünki, ýaňy hem aýdylşy ýaly, Angliýa şu asyryň ortalarynda öňki
koloniýalarynyň ählisine diýen ýaly garaşsyzlyk beripdi. Özünden juda uzakda
ýerleşýän Türkmenistana ol azatlygy ilkinji nobatda bererdi. Arman...
Onsoňam, 300 ýyllyk mongol-tatar agalygynyň astynda bolan ruslara garanyňda ösen
halk bolan iňlisleriň medeniýeti bizi has çalt siwilizleşdirerdi. Iňlis diliniň üsti bilen
bütin dünýä çykyp bilerdik. Mahlasy, tebigy baýlyklaryň hasabyna bu wagta çenli baý
döwletleriň birine öwrülmegimiz ahmaldy. Emma... Öňki gürrüňimize dolanalyň.
Hawa XX asyryň ortasynda kolonializm öz möwrütini gutaryp, süregine ýetdirdi.
www.ertir.com/kitaphana
7
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Onuň aý-güni hökman dolaýmalydy, ol batyp hem ugrady. 50-nji, 60-njy ýyllarda
ençeme ýurtlar kolonial gandallaryny ýolup taşladylar hem-de öňe rüstem gadamlar
urdular. Ýöne aýaga duşak bolýan koloniýalaryndan el çeken Ýaponiýa goltugyndan
göterilen ýaly öňe olardan hem çalt müňzäp başlady. Onuň gül lälesiniň nähili
açylanyny okyjy gowy bilýändir. «Ýaponiýa» diýlende häzir bütin dünýä agzyny
açýar. Rossiýa welin şol agyr aýy ukusynda uklap galdy. Geçen asyrda özüni agsadyp,
yzagalak ýurda öwren krepostnoýçylykdan iliň soňundan zordan el çeken imperiýa bu
asyram özüne nähili agyr ýük bolýandygyna, ägirt uly çykdajylara eltýändigine
garamazdan, kolonializm syýasatyndan aňsat ýüz öwresi gelenok. Ýöne isleseňislemeseň, muny taryhy zerurlyk talap edýär. Sekuntda 30 km. tizlik bilen öňe barýan
Ene ýerimiz talap edýär. Onuň XXI asyra kolonial masgaraçylyk bilen giresi gelenok.
Çünki, ýaňy hem aýdylşy ýaly, Angliýa şu asyryň ortalarynda öňki
koloniýalarynyň ählisine diýen ýaly garaşsyzlyk beripdi. Özünden juda uzakda
ýerleşýän Türkmenistana ol azatlygy ilkinji nobatda bererdi. Arman...
Onsoňam, 300 ýyllyk mongol-tatar agalygynyň astynda bolan ruslara garanyňda
ösen halk bolan iňlisleriň medeniýeti bizi has çalt siwilizleşdirerdi. Iňlis diliniň üsti
bilen bütin dünýä çykyp bilerdik. Mahlasy, tebigy baýlyklaryň hasabyna bu wagta
çenli baý döwletleriň birine öwrülmegimiz ahmaldy. Emma... Öňki gürrüňimize
dolanalyň. Hawa XX asyryň ortasynda kolonializm öz möwrütini gutaryp, süregine
ýetdirdi. Onuň aý-güni hökman dolaýmalydy, ol batyp hem ugrady. 50-nji, 60-njy
ýyllarda ençeme ýurtlar kolonial gandallaryny ýolup taşladylar hem-de öňe rüstem
gadamlar urdular. Ýöne aýaga duşak bolýan koloniýalaryndan el çeken Ýaponiýa
goltugyndan göterilen ýaly öňe olardan hem çalt müňzäp başlady. Onuň gül lälesiniň
nähili açylanyny okyjy gowy bilýändir. «Ýaponiýa» diýlende häzir bütin dünýä
agzyny açýar. Rossiýa welin şol agyr aýy ukusynda uklap galdy. Geçen asyrda özüni
agsadyp, yzagalak ýurda öwren krepostnoýçylykdan iliň soňundan zordan el çeken
imperiýa bu asyram özüne nähili agyr ýük bolýandygyna, ägirt uly çykdajylara
eltýändigine garamazdan, kolonializm syýasatyndan aňsat ýüz öwresi gelenok. Ýöne
isleseň-islemeseň, muny taryhy zerurlyk talap edýär. Sekuntda 30 km. tizlik bilen öňe
barýan Ene ýerimiz talap edýär. Onuň XXI asyra kolonial masgaraçylyk bilen giresi
gelenok.
ARABASY JYGYLDAÝAN SOÝUZ
SSSR-iň Sowet taryhçylary tarapyndan toslanan terjimehalyna seretseň, hemme
zat gülala-güllük ýaly. Fewral, Oktýabr rewolýusiýalaryndan soň 1918-nji ýylyň
ýanwarynda Sowet Russiýasy döredilýär. 1922-nji ýylyň 30-njy dekabrynda bolsa şol
wagta çenli özbaşdak döwletler hasap edilýän Sowet Ukrainasy, Sowet Belorussiýasy,
www.ertir.com/kitaphana
8
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
özüne Gruziýany, Ermenistany, Azerbeýjany birleşdirýän Zakawkaziýa federasiýasy
bilen deň hukuklar esasynda birleşip, Sowet Sosialistik respublikalary Soýuzyny
(SSSR) emele getirýärler.
1918-nji ýylyň 30-njy aprelinde döredilen, özüne Özbegistany, Türkmenistany,
Täjigistany, Gyrgyzystany, Garagalpagystany jemleýän Türküstan awtonom
respublikasy Russiýanyň sostawyna sokulýar. Milli bölünşik esasynda 1924-nji ýylyň
27-nji oktýabrynda Türküstan awtonom respublikasy bölünip, ondan Türkmenistan
SSR-i, Özbegistan SSR-i, şeýle hem Täjigistan, Gyrgyzystan awtonom oblasty,
Garagalpagystan awtonom respublikasy döredilýär. Şeýlelikde, täze döredilen iki
respublika hem Soýuza girizilýär. 1929-njy ýylyň oktýabrynda Täjigistan SSR-i
döredilip, ol şol ýylyň 5-nji dekabrynda SSSR-iň sostawyna salynýar. Gyrgyzystan
awtonom respublikasy 1936-njy ýylyň 5-nji dekabrynda özbaşdak respublika
hökmünde Soýuza girizilýär. Şol gün RSFSR-iň sostawyndaky Gazagystan awtonom
respublikasyna soýuz reapublikasy statusy berilýär. 1940-njy ýylda bolsa soýuz
respublikalary hökmünde Latwiýa, Litwa, Estoniýa, Moldawiýa, SSSR-e girizilýär.
Şeýlelikde, 15 respublika jemlenýär.
Eýsem bu ýerde koloniallyk nirede? 1917-nji ýylyň fewral rewolýusiýasy ozalky
koloniýal halklara garaşsyzlyk beripdi. Bolşewikler hem häkimiýeti almankalar, hatda alan gabatlaram halklara azatlyk bermegiň tarapdarlarydy. Sowetleriň Bütinrussiýa
II gurultaýynda «Parahatçylyk hakynda Dekretiň» kabul edilmegi hem muňa güwä
geçýärdi. Emma kän wagt geçmänkä olar Polşa, Finlandiýa, Latwiýa, Litwa, Estoniýa
garaşayzlyk berdiler-de, galanyny Soýuza birleşdirdiler. Birleşmejegi güýç bilen
basyp aldylar. Meselem fewral rewolýusiýasynyň beren garaşsyzlygy esasynda Orta
Aziýada 1917-nji ýylyň dekabrynda soňundan Türküstan Türküstan halyfatlygyna
öwrülmeli Kokant döwleti döredilipdi. Beÿleki Orta Aziýa şäherlerinde bolşy ýaly, şol
döwleti goldap Aşgabatda, Tejende demonstrasiýalar geçipdi. Ýadyňyzda bolsa,
«Aýgytly ädimde» bular barada az-kem aýdylyp geçilýändir. 1917-nji ýylyň ahyrynda
bolşewikler bary-ýogy bir ýarym aý ozal öz kabul eden «Parahatçylyk hakyndaky
dekretlerini» gödek bozup, bu döwleti basyp alýarlar we Russiýanyň sostawyna salnan
Tûrkûstan ASSR-ni döredýärler. Gruziýa bolsa ýolbaşçylarynyň biri Mdiwaniniň
mysalynda
ýaňagyna
şarpyk
çalynmak
esasynda
SSSR-e
girizilýär.
Eýsem ady diňe SSSR-e üýtgedilen öňki Rus imperiýasyny saklamak nämä gerek
bolupdy? Sebäbi daş-töweregiň «Häkimýet bikanun eýelendi» diýip, SSSR-i ykrar
etmeýän ýurtlar hem-de olaryň ykdysady gabawy bilen gurşalgy durka öňki
koloniýalaryň, meselem, Türkmenistanyň, Özbegistanyň pagtasy ýüňi, nebiti... şeýle
hem Russiýada ol çig mallardan öndürýän önümleri satar ýaly bazary bolmazdan
«sosializm aýratyn alnan bir ýurtda gurmak» däl, hat-da ýönekeý ýaşap bilmek hem
hyllalla boljakdy. Onsoňam imperiýa pikiri bilen ýaşaýan metropoliýa halky, şeýle
hem bolşewikleriń özleriniň hem aglabasy Russiýa imperiýasynyň dargadylmagyny
www.ertir.com/kitaphana
9
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
oňlamaýardy. Meselem, Stalin imperiýanyň sostawyndaky esasy halklara göz üçin
«awtonomiýa» diýlen haýsydyr bir derejäni berip, Russiýa dykmak isleýär. Lenin bu
babatda Kamenowa 1922-nji ýylyň Sentýabrynda iberen hatynda şeýle ýazýar: «Bir
eglişik etmäge Stalin razylaşdy. §21-däki «RSFSR-e girmeli» diýen jûmläniň ýerine
«Ýewropanyň we Aziýanyň sowet respublikalary soýuzyna RSFSR bilen birlikde
formal birleşmeli» diýip ýazmaly... Esasy zat «garaşsyzçylaryň» bahana aramagyna
zat goýmazlykdyr». Şol ýyllar Lenin halklara häzir respublika, awtonomiýa hukuklary
berip bölmegimiz soňra olary birleşdirmek üçin edilýän işdir diýen manyda
«разъединение рады объединения» diýip köp aýdar eken. Hawa, köne soýuz öňki
rus imperiýasynyň dowamydy. Stalin ony hasam açgöz imperiýa öwürdi, öňki
gandalyň ýerine has elhenjini dakdy. Birinji jahan urşunda ýeňlip barja
koloniýalaryndan el üzmeli bolan Germaniýa faşistik partiýanyň eline geçensoň, ýene
koloniýal basyp alyşlara başlady. 1939-njy ýylda Stalin bilen Gitler ogrynça pakt
baglaşandan soň şol ýylyň 1-njy sentýabrynda Germaniýa Polşanyň, SSSR bolsa
şondan 19 gün geçensoň Finlandiýanyň üstüne çozýar. Üç aýa çeken ençeme
gandöküşikli söweşlerden soň Finlandiýa boýun egdirilýär. Bu okkupasiýa üçin SSSR
1939-njy ýylyň dekabrynda Milletler Ligasyndan kowulýar. Ýöne bu temmi Staliniň
koloniýal mädesini ýakyp bilmeýär. 1940-njy ýylda Latwiýa, Litwa, Estoniýa
okkupirlenýär. Ikinji jahan urşundan soň bolsa Ýewropa ýurtlarynyň ençemesine
wassal tagmasy basyldy.
Ine, şu soýuzyň hem arabasy jygyldap ýör. Çünki imperiýa bolup ýaşamak oňa
gaty gymmat düşdi, ägirt uly tebigy baýlyklaryny tozdurdy. Indi şu harabaçylygyň
üstünden täzelen soýuz gurmak mümkinmi? Ine, şonuň üçin hem Solženisin «Bizde
imperiýa ýeterlik güýç ýok» diýip jar çekýär hem-de Russiýany on iki respublikadan
gaýtam artykmaç ýükden dynjakdygyny nygtaýar. Dogrudanam, şuňa ýüz uraýan
halatynda Russiýanyň uly ýitirýän zady ýok. Häzir SSSR-iň territoriýasy 22,4 mln.
kw. km. barabar. RSFSR-iň bir özi şonuň 17, 07 mln kw. km. ýerini, Ukraýina,
Belorussiýa bilen birlikde bolsa 18 mln kw. km. golaý ýeri eýeleýär. Şeýlelikde, on iki
respublikadan el çekäýen halatynda olaryň bar ýitirjekleri 4,5 mln kw. km-den gaty
köp däl.
Hawa, jemläp aýdanyňda, SSSR-de häzir iki rewolýusiýa gidýär. Birinjisi, 1917nji ýyldan soňky gurlan totalitar düzgüne garşy. Ony soýuzyň, Pýotr I döwürlerinden
bäri gurlup gelnen imperiýa garşy. Bu rewolýusiýa ähli basylyp alnan halklar, şol
sanda türkmen halky hem gatnaşýar.
www.ertir.com/kitaphana
10
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
GULATY SAÝASY
Amerikan filosofy J. Santaýana «Geçmişini unudýanyň täleýine şol geçmişi
ýamaşgan başdan geçirmek ýazylandyr» diýýär. Eýsem soňky 70 ýyllyk geçmişde
Türkmenistanyň boýnuna koloniýal gandal urlandygyny şübhesiz äşgar bolsa, şol
gandala indi baglanmazlygymyz üçin näme etmeli? Santaýana gulak assak ozaly bilen
geçmişi unutmazlyk gerek. Başgaça aýdanyňda, kyrk ýyllap däl, ýetmiş ýyllap maýa
gezen döwrümizde ezilişimiz, çeken horluklarymyz hakynda içimizi dökmegimiz
gerek.
Iç dökmegi bissimylla «Koloniýalizm nämedir» diýen sowaldan başlalyň.
Kitaplaryň tekrarlaşyşyna görä, ol «harby, syýasy, ykdysady güýje daýanmak bilen
koloniýal haljy ezmek syýasaty» bolmaly. Ýönekeý dilde aýdanymyzda, muňa «dürre
gamçy», «Süýjülije köke» we «kaşaňlyk» syýasatlary bilen halky dolandyrmak režimi
diýilýär. Türkmen halkynyň soňky 110 ýyllyk bakna günemasy kolonializmyň şu
Bermud üçburçlygynyň içinde geçdi. Ynha, bu bermudyň «dürre gamçy» burçuny
alyp göreliň. Boýnuna koloniýal boýuntyrygy dakmajak bolany üçin patyşa
Russiýasynyň kolonizatorlary Gökdepe galasyny goraýjylary aýal-ebtat, çaga-çuga
diýmän okadan, gylyçdan geçiripdi. Koloniýalizme garşy baş göteren 1916-njy ýylky
Tejen gozgalaňyna gatnaşanlardan rehimsiz öç alnypdy. Şol ýyl pälä adam ibermejek
bolandyklary üçin kolonizatorlaryň jeza beriji otrýady etrek ýomutlaryny elhenç
gyrypdy, mal-gara, öý-söý, şaý-sep diýmän bar zatlaryny talapdy.
1921一33-nji ýyllarda täzeki has zabun koloniýal režime çydaman guma siňen,
serhetden aşjak bolan obalaryň ençemesi ýene gülläň astyna düşüpdiler. 1937一38-nji
ýyllarda öňi bilen gulçulyk durmuşyna sähelçe nägileligi duýulan tûrkmenleriň
kastyna çykylypdy. Türkmen milli ruhuny sähelçe gorajak, dikeltjek bolan Mäti
Kösäýew, B. Garryýew ýaly nazarkerde adamlary gözenege salmak-da, Gaýyp
Nepesow, Kakajan Muhammetberdiýew ýaly taryhçylary yzarlamakda, Şaja Batyr
ýalylary oňat işläp ýörkä-de, okuwa ibermek-de, başga birlerini dälihanalara
ýollamaklary-da koloniýal halkyň ýüregine gorky salmak, ony gorky guluna öwürmek
üçin ulanylýan dürre gamçy syýasatydy.
Kelam agyz söz «süýjülije köke» hakynda, Türkmen ýolbaşçylaryndan gaz, nebit,
pagta, bagana, ýüň... talap edilýärdi. Şol talap ödelse, olara wezipejikler, çinjagazlar
berilýärdi. Onsoň köwekler ýolbaşçydan dikmä öwrülýärdiler. Döredijilik bilen
meşgullanýanlar her hili atjagazlara, derjelere aldanylýardy. Garamaýak halk hormat
hatjagazlara, orden-medaljyga, baýrajyklara imrikdirilýärdi. Hat-da respublikanyň özi
hem ordenden boş galdyrylmandy一geçen 70 ýylda oň ordenleriň 4-si gowşuryldy.
Gepiň keltesi, özüni horlaýan, ezýän koloniýal durmuş bolsa-da, terje käşire aldanyp
gapana düşýän towşan ýaly halk «süýji kökejiklere» aldanmak bilen özüni bu gan
www.ertir.com/kitaphana
11
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
sorýan durmuşyň toruna şol atyp durýardy, atyp durýardy.
Dürre gamçydan, süýji kökeden soň bolsa kaşaňlyk syýasatyna bat berilýärdi.
Orta Asyrlarda krepostnoýlaryň howuny basmak ûçin feodallaryň galalar, köşkler
gurduryp, şolarda ýaşaýyşlary ýaly, bizde hem hökümdarlar üçin haýbatly jaýlar,
haýbatly daçalar gurulýardy. Paradlar, demonstrasiýalar harby tehnikany mazamlap
haýbatly geçirilýärdi, ýygnaklar, gurultaýlar dabaraly tutulýardy. Gowy düşünmeýän
zady adamda tabynlygy döredýär. Şonuň üçin iş dolandyrylyşy, ýygnaklar ýat dil
bolan rus dilinde geçirilýärdi. Hawa, şu klassyky kolonializmyň däpleri türkmenler
babatda hem ulanylypdy. Ykdysadyýet garaşly bolansoň öndür diýlen çig maly derhal
öndürip, iň arzan bahadanam metropoliýa tabşyrylmalydyk. Şol çig maldan
metropoliýada öndürilen önümi bolsa hili pesmi, pes däl, tapawudy ýok, jyňkyňy
çykarman getirip öz ilatymyza ýokary bahadan satmalydyk. Serhedi goramak
bahanasy bilen daşymyza tikenekli sim aýlanaly sebäpli bolsa daşary ýurtlara ne önüm
çykaryp bilýärdik, ne-de alyp bilýärdik. Bularyň üstesine-de stalinizmiň koloniýal
kanunlary boýunça ýerasty baýlyklary (gaz, nebit, kükürt, selestin) metropoliýa
tükeniksiz mugtyna bermelidik.
Indi koloniýalizmyň şu Bermud üçburçlygynda ýaşan soňky 70 ýylymyza ser
salmaga wagt boldy. Türkmen Sowet ensiklopediýasynda bu döwür barada şeýle lap
urulýar. «Türkmenistan öňde barýan senagatly köp pudakly, mehanizmleşdirilen oba
hojalykly, gülläp ösýän medeniýetli sosialistik respublika öwrüldi». Göreliň bakaly,
bu dogrudanam, şeýlemikä ýa-da «gula pürçüklije kemput bedre, gandalyny öw»
diýlişi ýaly, pürjüklije sözler aýdylyp baknalygymyz teswirlenýärmikä? Respublika bu
ýyllarda «ösdi» diýlip berlen dört orden süýjûlije kökemikä ýa-da hakyky öz bahasy?
Türkmenistanyň köne soýuzda näçe «ösendigini» bilmek üçin ozaly bilen
respublikanyň we onuň ilatynyň ähli emlägini pula geçirenimizde näçe boljakdygyny
(senagatdaky, oba hojalygyndaky, söwdadaky, transportdaky, gurluşykdaky, saglygy
saklaýyşdaky, medeniýetdäki we ş.m. ähli emläk) pula geçireniňde näçe durýanlygyny
biz «Народное хозяйство ТССР в млрд. manada deň. Indi bize ilatyň elindäki
emlägiň, baýlygyň pul hasaby gerek. Bu maglumaty statistik kitaplarda bolmansoň 3,6
million adam ýaşaýar. Eger her maşgalada ortaça bäş adam bar diýsek, onda jemi
maşgala 3,6 mln;5) 720 müňe barabar bolar. Her maşgalanyň hem ähli baýlygy,
emlägi (jaýy, öý goşlary ulagy we ş.m.) ortaça 25 müň manada barabar diýip alalyň.
Indi ilatyň elindäki jemi baýlygy hasaplamak kyn däldir. 720 müň maşgalany 25 müňe
köpeltsek ol baýlygyň bahasy takmynan 18 mlrd. manat bolar. Hawa, Türkmenistanda
adam eli bilen döredilen ähli baýlyk ahyrky netijede 42 mlrd. manada (24 mlrd. + 18
mlrd. m) deňdir. Ine biziň ýer döräp, aýratynam soňky 110 ýylda, hasam 70 ýylda
görlüp eşidilmedik derejede ösüp, 4 ordene mynasyp bolup, eýe bolan ahyrky
baýlygymyz.
Şu ýerde bir zady belläp geçmeli. Biziň halk hojalygymyz diýýänimiziň bir
www.ertir.com/kitaphana
12
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
bölegi ( mysal ûçin, demir ýol) soýuz eýeçiligine degişli. Olaryň bahasyny çen bilen
aýyrsak ýaňky 42 mlrd. manada barabar bolar.
Hawa, 1924-nji ýylda Soýuza girenimizden bäri ähli toplan baýlygymyz, hanymanymyz takmynan 40 milliard manada barabardyr, hem-de respublikanyň baýdagyna
dakylýan dört sany ordenden ybaratdyr. Bu azmy, ýa-da köp? Muňa göz ýetirmek üçin
40 milliardy Türkmenistandan 70 ýyllap daşalan käbir baýlyklaryň dünýä bahasy bilen
deňeşdireliň.
Hasabymyzy esasy baýlygymyz bolan gazdan ýöredip başlalyň. Gaz bizde uly
möçberde 1966-njy ýyldan bäri çykarylyp gelinýär. Geçen 25 ýylyň içinde türkmen
topragyndan 1, 15 trillioýon m(kup) gaz içinden adam ýöräp gidip bilýän gigant
turbalara salnyp «Watana»一metropoliýa iberildi. Häzir 1000 metr(kup) gazyň dünýä
bahasy, 100 dollar töweregi. Ýöne 60-njy 70-nji ýyllarda, 80-nji ýyllaryň ortalaryna
çebli gazyň müň kubynyň bahasynyň 200 dollara ýeten wagtlary az bolmandyr. SSSR
hem eksporta iberen gazlaryny şol uly bahalardan satypdyr. Geçen döwür hakda
gürrüň edýändigimiz üçin gazyň 1000 kub metriniň bahasyny ortaça 150 dollardan
alaýalyň. Şeÿlelikde, çärýek asyryň içinde Türkmenistandan 172 millard dollarlyk gaz
äkidilip, gör kimlere şam boldy.
NEBIT HAKYNDA
Nebiti Türkmenistandan 1870-nji ýyldan bäri一ýagny 118 ýyl bäri daşap ýörler.
Ýöne şu asyryň 20-nji ýyllaryna çenli jemi äkidileni 2一3 million tonnadan köp däl.
Şonuň üçin onuň hasabynam alyp oturmalyň. Türkmenistanda esasy nebit talaňçylygy
1933-nji ýylda Nebitdagyň golaýyndaky bir skwažinadan 440 metr çuňlukdan güýçli
nebit fontany urup çykmagyndan başlanýar. Umuman, şondan bäri ýerastyndan 375
million tonna çemesi «gara altyn» çykarylýar. Şunça nebitiň 75 million tonnasy
özümize sarp edildi diýenimizde-de daşyna äkidilen 300 million tonna bolar. Nebitiň
häzirki dünýä bahasy ortaça 150 dollar. Ýöne geçen onýyllyklarda onuň tonnasynyň
200 dollardan hem geçen ýerlerini nazara alyp, ony hem ortaça 150 dollardan
hasaplalyň. Diýmek, geçen döwürde 45 milliard dollarlyk nebiti gurt etdiler.
PAGTA
Patyşa Russiýasy döwründe türkmen pagtasynyň jemi 456 müň tonnasy
metropoliýa äkidilýär. Şondan soňraky geçen 70 ýyl çemesi döwrüň içinde bolsa
türkmenlere 36 million tonna golaý pagta ýygdyrlyp, şondan çykan 12 million tonna
www.ertir.com/kitaphana
13
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
golaý süýüm metropoliýadaky dokma senagatlaryna iberdilýär.
Pagta süýüminiň bor tonnasynyň dünýä bahasy ortaça 2 müň dollar. Şeýlelikde,
70 ýylyň dowamynda respublikadan 24 milliard dollar çemesi daşalyp ýetişilýär.
Jemläp alsak, geçen döwrüň içinde merkeze iberilen gazyň, nebitiň, pagtanyň bahasy
takmynan 250 milliard dollara barabardyr. M. Gorbaçýowyň edişi ýaly, bir dollary on
manada deňdir diýip hasaplasak, munuň özi, sowet pulundan 2,5 trillion manat
bolar!!!
Hawa, unitar Soýuzda biz türkmenleriň 70 ýylda bar toplap bilen ahyrky baýlygymyz
一 alan alty şaýymyz bary-ýogy 40 millard manada hem-de 4 sany ordenjige deňdir.
Kükürdimiz, sulfatymyz, ýüňümiz, baganamyz ýaly onlarça çig mallarymyzy
hasap etmänimizde-de, basmaçylyk bahanasy bilen 20一30-njy ýyllarda obalardan
talanan altyn-kümûşler hakda, uruş ýyllary berlen altyn-kümüşler一sungat eserleri
barada... agzamanymyzda-da 70 ýylda äkidilen diňe gazyň (172 mlrd dollar), nebitiň
(45 mlrd. dollar) we pagtanyň süýüminiň (24 mlrd dollar) özi jemi 250 mlrd.
dollarlyga ýa-da sowet pulundan 2,5 trillion manatlyga barabardyr.
500 ýyllap dowam edip gelýän koloniýal sistemanyň penjesine amerikan
indeýlerinden, afrikan hebeşilerinden, awstraliýanyň aborigenlerinden başlap
Aziýanyň butparazlaryna, musulmanlaryna çenli halk ezilip, talanyp gelindi. Ýöne,
şonda-da, şu ýarym müň ýyllyk tarayhyň koloniýal halklarynyň içinde türkmen halky
ýaly şeýle elhenç juldan çykarylany ýa bardyr, ýa ýokdyr.
Gep diňe zatda bolsa, türkmençilik edäge-de owarram diýseň. Ýöne koloniýal
ýyllarda biajal ölen, şirin janlary üzülen türkmenleri nätjek? Birmahallar türkmen
topragyna negada bir del aralaşsa-da, halyňdan habar alýan ekenler. XX asyrda bolsa
bolşewikdirin diýdi, menşewikdirin diýdi, patyşa agdarylansoň, koloniýanyň täze
hojaýyny bolmak ugrunda tark-turk edişip, gyr-bas bolup ýören interwentlere «ýaşajak
bolsaňyz, agzybir, parahat geziň, beýle uruşasyňyz gelýän bolsa-da, gidiňde öz
ýurduňyzda urşuň» diýmäge gaýraty çatmady. Gaýtam, birtopar namartaýlar olaryň
yzlaryna nöker düzülip, biri-birini gyryp başladylar. Türkmeniň başyna urşuň
tozgunçylygyny, açlyk horlugyny, nalasyny getirdiler. Okuw kitaplarymyzda
«Rewolýusiýa gelip, bagt berdi» diýip näçe hetjiklense-de, türkmen maşgalasy hatda
şol koloniýal 13-nji ýykdaky ýaşaýşynyň derjesine 50-nji ýyllaryň ahyrynda-da ýetip
bilmändi.
Rimliler taýpa-tirä bölünýän halkyň taýpalarynyň agzyny alardyp, şol halky öz
eli bilen basyp almagyň mümkinligini ýüze çykaran bolsalar marksizm munuň
üstesine halky agzala synplara bölmek arkaly hem boýun egdirip bolýandygynyň
üstüni açdy. Ine, onsoň, ozalam tire-taýpa dawalaryndan ýaňa keselbent ýaşaýan
halkyň başyna «baý» diýdi, «garyp» diýdi, «ýekebara», «orta» diýdi, «kulak» diýdi,
gepiň keltesi, täze synpy agzalalygyň elhenç mergisini hem inderdiler. Gör, näçe
www.ertir.com/kitaphana
14
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
türkmen 17-den başlanşyna baryp 30-njy ýyllarda-da sowulmadyk şol keseliň, şol
merginiň gurbany bolmaly boldy. Sahawatly, halal baýlarymyzyň, agzy kelamyllaly
işan-mollalarymyzyň başyna itiň güni salyndy. Ynha, «TKP sosializm gurmak we
kem-kemden kommunizme geçmek ugrundaky göreşde» diýen kitapda (Aşgabat,一
1979 ý.) şeýle maglumatlar mazamlanyp berilýär. «Respublikada baýlary ýok etmek
işi 1930-njy ýyldan başlanyp, esasan 1932-nji ýyla çenli çekdi. Baý we pomeşikçilik
hojalyklaryň üç müňüsinden-de köpüsi ýok edildi.
Türkmeni garçgaý atdan düşürdiler, elinden düýrme gylyjyny, maly-garasyny
aldylar, özünem aýal-ebtaty, çaga-çugasy bilen kolhoz krespostnoýçylygyna goýun
süren ýaly sûrdiler. Krepostnoýçylyga boýun synmadyk nijeme obalar, taýpalar, tireler
bolsa hatar-hatar öýlerini çözûp, serhetdäki ok-gûlläniň astynda dagdan ilerik bosgunbosgun aşmaga mejbur boldular. Öz topragynda ýat illerde mysapyrçylyk çekmeli
boldy we çekýärler. Tutulmadan, atylmadan, sürgün edilmeden ýaňa türkmen ili
çolaryp galdy, döwran baýguşa döndi.
Bolşewizmiň zulumy halkyň etinden ötüp, süňküne ýetdi. Degnasyna deglen halk
Bahry-Hazardan Amyderýa çenli aralykda, dergazap bolup baş galdyrdy, ata çykdy.
Emma 1921-nji ýyldan tä 1933-nji ýyla çenli dowam eden bu göreşe «halk
gozgalaňy», «azat edijilik hereketi» däl-de, basmaçylyk diýdirtdiler. On iki ýylyň
içinde gyzyl interwentler tarapyndan gazaply basylyp ýatyrylan gozgalaňda müňlerçe
türkmen ýok edildi. 1926-njy ýylyň ýazyndan güýzüne çenli Türkmenistanda bolan
diňe Budýonnynyň buýrugy bilen türkmen sährasyndaky ençeme obalaryň obalaryň
üstünden pulemýotly aýraplan aýlandyryldy. Erkekler baýaky, hatda yzanda-çuwan
aýallara, çagalara, garrylara çenli uçdantutma okdan geçirlen halatlar az bolmady.
Biziň şahyrlarymyz «Hatyn, Hatyn» diýişip zary-girýan göz ýaş dökýärler. Gowy zat,
özgäniň hasratyna aglap bilinmeklik ýalkanmaly ýagdaý. Ýöne, näme üçin, öz
hasratlarymyza gezek gelende olaryň gözleri çygjaranogamka? Näme üçin
Garagumdaky däl, eýsem ençeme «Hatynlar» hakda ýazmaga galamlary
ýöremeýärkä? Beloruslar Hatynyň ýerine gtanit, mermer düşäpdirler, belent
ýadygärlik oturdypdyrlar. Eýsem biz, türkmenler, öz «Hatynlarymyza» nähili
ýadygärlik dikdikkäk?
Erkek göbekliniňki baýaky, hat-da aýal gyzlaryň, çagalaryň süňklerine çenli şol
pulemýot, top, bäş atar oklaryna tutulan ýerlerinde görene göz ýadygärlik bolup çaşyp
ýatyrlar.
Tutha-tutluk döwri gijelerine Gyzylarbatda ahy-nala, eňşeşik sesi eşidiler eken.
Näme diýeniňde, şeýle gijeler tutulan tutulan türkmenler aýal-erkek diýmän maşyna
mündürilip, Gyzylarbadyň ilersindäki Galçybaba diýen gurruk guýuly, kärizgen ýere
äkidiler eken. Şol köne kärizleriň agyzlaryna düzülip hem biçäreler atylyp durlupdyr.
Şeýle lagtalap gan akan «Galçybabalar» bolsa biziň her raýonymyzda-da bar. Gurruk
www.ertir.com/kitaphana
15
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
guýulara taşlanman Sibire ýogaldylanlarymyz näçe? On üçünji asyrda mongollaryň iň
oňat senetçileri, hünärmentçileri öz ýurtlaryna sürüp işledişleri ýaly, tutha-tutlykda
gije-gündiziň dowamynda 14一15 sagatlap mugtyna altyn çykarmak üçin Orsýetiň
sowuk raýonlaryna iberilenlerimiz näçe? Iki ýyl mundan ozal men TSSR
prokuraturasynda repressiýa düşen türkmenistanlylaryň işi bilen tanyşyp ugradym. Şol
döwürler wagtlaýyn öwrenmek üçin «daýylar» olaryň Daşkentde ýatan 13 müň
delolaryny haltalap-haltalap getirýärdiler.
Repressiýa düşenleriň bir böleginiň atlary «Ýaşlyk» žurnalynda çap edildi. Emma
men sürgüne sürlenleriň atylanlaryň aňyrsyna çykyp bilmän, işi goý bolsun etmeli
boldum. Olar näçe一20 müňmi, 30 müňmi ýa kyrk?..一Taryhçy Ý. Orazgylyjow
olaryň sanyny 55 müň töweregi hasaplaýar. Ol bendeleriň yzyna saç ýaýyp galan
naçarlarynyň, maşgalalarynyň çeken hem çekýän ahy-nalasy näçe一biljegem
bolamzok.
Aslynda welin pidalaryň sanyny bilmäge mümkinçlik bar. Diňe pidalaryň däl,
eýsem töhmet ýöňkäp, olary satanlaryň kimjüreligini hem anyklap boljak. Meniň tanyş
bolan delolarymda satan adamlaryň şaýat hökmünde atlary, adresleri hem bardy.
Onsoňam, şo tetelli adamlaryň kimdigini obalaryň ençemesinde bilýärler ahyry. Biz
türkmeni tutdurmakdan, atdyrmakdan keýp alan töhmetçileri anyklamasak, olary iň
bolmanda moral taýdan il öňünde ýazgarmasak hapalanan ahlagymyzy hiç haçan
arassalap, saplap bilmeris.
Totalitar soýuza girmek bilen biz uruş diýen nägehanyň hem elhençliklerini
çekmeli bolduk. Patyşa Russiýasy näçe koloniýaçyl bolsa-da, türkmenleri urşa
almaýardy diýen ýalydy, alsa, pälä alypdy, stalinizm bolsa eljiretmedi, frontuňam ok
ýagyş ýagýan birinji liniýalaryna sürdi. Uruşda Türkmenistandan wepat bolanlar 55
müň diýýärler. Ýöne häzirki hasaplarda SSSR boýunça ýogalanlar 20 milliondan 27
milliona ýeten bolsa, bizden ölen iner ogullar 55 müňden gaty köp bolmaly. Ýa.
Orazgylyjowyň pikiriçe olaryň sany 100 müňden az bolmaly däl. Onsoňam, tylda
açlykdan, agyr zähmetden ölenlerimizi nätjek.
Soň hem... Owganystan. Esasan, Orta Aziýanyň halklarynyň oglanlary sürlen
Owganystan. Gyzylarbadyň öwülýäsine tabyt göterşip, göçegçi bolup baran
wagtlarym gapdaly demir gapyrjakly ençeme guburlary görýärdim. Neresseleri jaýlap,
jesedleri salnyp getirlen demir gapyrjaklary hem mazarlarynyň gapdalynda goýaýýan
ekenler.
Hawa, totalitar soýuzyň hataryna biz 70 ýylda diňe bir trillion manat baýlygy
armanly ýitirmändik, halkymyzy diňe bir açlyga, horluga, iň oňady diýlende ol
aýlykdan bu aýlyga çenli itek-çomak güne daňmandyk, eýsem Gorkut atamyzyň
neslinden takmynan 200 müň töweregi iner ogullaryň, baýdak ýaly aýalgyzlarymyzyň, garagözlüje çagalarymyzyň biajal gyrylmagyna sezewar bolupdyk.
www.ertir.com/kitaphana
16
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Megerem, şunça gara gözli türkmen näçe gowgaly diýilse-de dursun, eýsem
asyrlarynyň hem hiç birinde gyrylan däldir. Megerem, türkmen eneleri hiç haçanam
geçen 70 ýyldaky ýaly dula şeýle köp bakdyrdylan däldir.
Men entek içine eşek daňlan metjitler, üstünden buldozer sürlen keramatly ýerler,
oda atylan ýaşmaklar, yzarlanan sünnetler, «medeniýet suwy» diýlip arzylanan arakçakyrlar, ata-babalaryň mazary ýatanam bolsa daşlanylan taryh, ýakylan ýa gömlûp
çüýredilen kitaplar hakda一gepiň gysgasy, azgynlanan ahlak, basgylanan şahsyýet
azatlygy, ýumrulan ruhy dünýäler hakda gürrüňem açamok.
«Geçen 70 ýylda diňe ýitiren däl, eýsem alan, gazanan öwrenen zatlarymyz hem
kän ahyry. Ynha, pylança maşgala, pylança welosiped, pylança radiýo, pylança tikin
maşyn... düşýär» diýjek ýülmeýjileri bilýän. Razylaşýan. Elbetde, diňe gaz, nebit,
pagtadan 2,5 trilliony berip ahyrky netijede içine şol welosipedjikler, radiojyklar
girýän 40 milliardy aldyk. Ýöne welin, merhemetli ýoldaşlar, 2,5 trillion nire, ahyrky
toplanan 40 millard nire? Arada dag bilen deňiz ýaly tapawut barka «aldyk» sözüni
agza çolap adalatçyl bolunjak bolunmagy heý bir ýapa degýärmi? Onsoňam, hat-da şu
40 milliardyňam kölegeli taraplary köpdi. «Senagatymyz döredi» diýjekmisiňiz? Ol
atam döwründäki nah-mata kombinatjygy, sement zawody göze «çet-gyralara hem üns
berilýär» diýen syýasat çöpüni atmak üçin guralana desgajyklar ahyry. Biz
garaşsyzlyk alsak, 70 ýylda guruldy diýlip hetjiklenip gelinýän bolar-bolgusyz
senagatdan on esse kämilini, häzirki zaman tehnologiýaly senagaty birje ýylky
gazymyzyň hasabyna 4一5 ýylyň içinde-de gurup bilerdik.
«Garagum kanaly näme? diýýäňizmi? Birje fakt bilen jogap berýän. 1954-nji
ýylda SSSR ministrler Soweti 1954一58-nji ýyllarda Türkmenistan SSR-nde
pagtaçylygy mundan beýläk-de ösdürmek hakynda» ýörüte karar kabul edýär. Şol
«Pagta» kararynyň ýörüte punktynda hem Garagum kanalynyň birinji nobatdakysyny
gurmak bellenilýär. Hawa, kanalyň birinji nobatdakysyny gurmak bellenilýär. Hawa,
kanalyň gurulmagy gulaklarymyza guýlup gelnişi ýaly türkmen halkynyň suw
baradaky asyrlar boýy arzuwyny wysal etmek bilen däl-de, eýsem metropoliýanyň
türkmen pagtasy baradaky arzuwyny amala aşyrmak bilen baglanyşyklydy. Ýa-da
«gülläp ösülişi» barada gürrüň çykanda hökman dile çolanylýan, otuzynjy ýyllardan
geçirilip başlandy diýilýän «medeni aň bilim rewolýusiýasyny» alyp göreliň. Dogry,
biz şol çäreleriň penjesinde latynyny, krillisasyny hem-de ideologiýanyň takallaryny
öwrendik. Emma sözüň doly manysyndaky sowady welin çykmadyk. Sowat näme?
Ideologiýa näme? Sokratyň aýtmagyna görä «Sowat一munuň özi ýaşamak
sungatydyr». Ideologiýanyň bolsa, belli filosof Belliň aýdyşy ýaly, öz prinsipleriniň
galplygy, galp dälligi bilen hem işi ýok. Ol diňe islendik tär bilen jemgyýetçilik aňyny
özüne gerekli, bähbitli ugra sürmegi bilýär. Türkmençeläp aýtsak, ideologiýa一munuň
özi kyrk emjeklik diýmekdir. Hawa, sowat adamy şahsyýet, ideologiýa bolsa maňgurt,
www.ertir.com/kitaphana
17
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
janly maslyk edýär. Sowat özüň, öz halkyň, öz topragyň bähbidi üçin ýaşamak,
göreşmek sungatyny öwredýär. Ideologiýa bolsa galypa girip, hojaýynlaryň
görkezmeleriniň, bähbitleriniň ugrunda sessiz-üýnsüz loňkuldamagy we üýrmegi
öwredýär. 70 ýylyň dowamynda «sowathonlar» bilim ojaklarynda, has takygy
maňgurthanalarda sowat däl-de, ideologik takallary öwretdiler, eýýämem meger 70
prosent bilen hem biz referenduma barýarys.
Marksizmde proletariýat, proletar diktaturasy kapitalizmiň gabyr gazyjysydyr
diýlip aýdylýar. Geçen taryhyň tejribesi bolsa başga zady görkezýär. Proletar
diktaturasy nirede ornaşdyrylsa, ol şol ýeriň gabryny gazyja öwrülýär eken.
Ine, başymyzda depirjiklän şu haýhatjyklardan soňam ikilenç bökmeli diýilýär.
Köneleriň «Taryh umuman gaýtalanyp durýandyr» diýen duýduruşlary barada
bolsa dymylýar. Çünki birinji böküşlikde kommunizmyň ýerine koloniýalizmiň
çukuryna düşen halk muny biläýse, «Ikinji böküşlikde hem ýene şol çukura 一 şol
gulaty saýasyna patylap düşäýmäliň?» diýen şübhä batjak hem-de... yzyny aýdyp
oturmaýyn!?
IMPERIÝA WE HATAPGALA
Mälim bolşy ýaly, Russiýanyň öňki koloniýalaryndan diňe Finlýandiýa
garaşsyzlyk hatyny alyp, häzirki döwre çenli özbaşdak ýaşap gelýär. Finler bilen deň
azatlyga çykan latyşlar, litowlar, estonlar, polýaklar barada aýdanyňda bolsa, bularyň
başky üçüsi 40-njy ýylda, soňkusy bolsa uruşdan soň garaşsyzlykdan mahrum
bolupdy. Ine-de, taryhyň paradoksyna seret. Şol ýeke çykan Finlýandiýa häzir ilatynyň
ýaşaýyš derejesi boýunça ABŞ bilen bäsleşýär. Ösen sosializmde ýaşaýan SSSR-iň
saýasyndaky respublikalar bolsa it urup ýerde galan afrika ýurtlary bilen egin
deňeşdirip bilseler müňde bir razy.
Fin behişdiniň syry düşnükli bolsa gerek一finleriň depesinde garaşsyzlyk
baýdagy parlaýar. Garamatyny başga halkyň üstüne atýan halk bolsa aňsat-aňsat
örňemeýär. Uly halka arkaňy diräňde, oňa has golaýlaşyp, raýatyna gireniňde ösülýän
bolsa stawropol türkmenleri öselidi. Emma... Iki asyr mundan öň 200 müň adam bolup
Maňgyşlakdan giden bu türkmenler häzire çenli takmynan 10一15 müň sany bolup
galdylar. Olaryň oglan uşaklary baýaky, ululary hem ene dilinde arassa gepläp
bilenoklar. Ine, şonuň üçin kädaýym il içinde «Neçün Türkmenistanyň talanmagyna,
halk-hukugynyň kemsidilmegine çürt-kesik «besdir» diýmek bolanok?» diýen ýaly
soraglary berenlerinde men: «Sebäbi bu diýilýänleri demir gala kimin gorap oturan
garaşsyz döwletimiz ýok» diýip, jogap berýärin.
Hawa, bizde garaşsyz Türkmen döwleti ýok. Öň-ä Keýmir kör aýtmyşlaýyn
www.ertir.com/kitaphana
18
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
«Hatapgalada, onuňam gu-uk ýanynda kaňkap ýaşadyk». 1924-nji ýyldan bäri döwlet
diýip gelenimiz bolsa göze çöp atmak üçin üstünden türkmen dony, telpegi geýdirilen
bolşewik režimidi. Gepiň gysgasy, eýýäm ýedi asyrdan gowrak wagt bäri
Türkmenistanyň depesinde gerdişi çoh gadymy pelegiň elhenç jakgyldysynyň asyrlar
boýy ösmän, şol bir batgada diýen ýaly göýdügip duranlygyna göhi gelýän, keýp
edýän myrryh gülki. Ol jakgyldy itiň art aýagyndan suw içýänligimiziň, döwlet gurnup
bilmeýänligimiziň üstünden ýaňlanýan kemsidiji gülki.
Hawa, biziň betbagtlygymyz garaşsyz döwletimiziň ýoklygynda we şonuň
ýoklugyna düşünmeýänligimizde. Birmahallar bolsa bizde ýöne bir döwletem däl,
eýsem berkarar imperiýalar bardy. Eýsem köne taryhyň iň uly, iň ösen döwletleriniň
biri bolan Rim bilen bäsleşen, ençeme gezek rim legionlaryny çym-pytrak eden
Parfiýa döwleti hakynda eşitmedik barmy? Ondan biziň günlerimize par taýpasy hemde tapylan eksponatlary Leningrada daşalýan ýalňyz Nusaý harabaçylygy galdy.
Gündogary öwreniji görnükli alym B. B. Bartold «Türkmen halkynyň taryhynyň
oçerkleri» diýen kitabynda şeýle ýazýar. «Seljuk imperiýasyny döretmek bilen oguz,
ýagny, türkmen halky musulman dünýäsindäki orta asyr türki halklarynyň hiç
haýsynyň çykyp bilmedik belentligine galdy. Hut, şuňa görä-de, bu halka diýseň uly
üns berlipdir. Biz musulman edebiýatynda oguzlaryň bölünen taýpalaryna we
tirelerine çenli jikme-jik sanalyp görkezmelere duş gelýäris. Özge türki halklarynyň
hiç biri babatda hem şeýle kän maglumatlar ýok».
Şol eýýamlarda tutuş Gündogarda ýörgünli bolan şeýle nakyl bar eken. «Jaý
gurjak bolsaň, ermenini çagyr, döwlet gurjak bolsaň türkmeni». Baýram han ýaly
türkmenlere Hindistan ýaly uly döwletleri edara etmek üçin baş wezirlik ynanylar
eken. Dünýäniň uly döwletleriniň biri bolan Eýrany ençeme asyrlaryň dowamynda
türkmenleriň akgoýunlylar, garagoýunlylar, abşarlar, gajarlar taýpalaryndan çykan
hökmürowan şalar dolandyryp geldiler.
Birmahallar goşa kelleli bürgüdiň we goşa kelleli aždarhanyň şekili çekilen
haýbatly baýdagymyz bolan eken. Yssyk kölünden Orta ýer, Gyzyl deňizlerine çenli,
Kawkaz daglaryndan hindi jeňňelliklerine çenli ýaýylan ümmûlmez ýurduň
depesinden pasyrdan baýdagymyz bor eken. Hany indi ol tug? Näme üçin ol
pasyrdanok? Näme üçin gözümize sürter ýaly hat-da el ýalyjak bölejiginem tapyp
bolanok? Sebäbi mongol-tatarlaryň ýykan ol baýdagyny soňra orta asyr ukusyna batan
turan tûrkmenlerinde ýerden galdyran tapylmady. Döwletmämmet Azadynyň
«Wagzy-Azadysyndan» soňra Magtymguly şol baýdagy galdyralyň, aşagyna üýşeliň
diýe-diýe şygyrlarynda dili gurap gitdi. Emma kakabaş türkmen birleşip, döwlet gurup
ýaşandan hatapgalada, onuňam guk ýanynda mesgen tutup ýörmegi hil bir iş
hasaplady. Emma köwek türkmen biçimini Russiýa bilen Eýranyň XIX asyryň
başyndan başlap biçip ýörenlerinden habarsyzdy.
XIX asyrda Hywanyň, Eýranyň, 1879-njy ýylda bolsa ruslaryň goşunyny
www.ertir.com/kitaphana
19
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
ýeňmekleri turan türkmenleriniň seljuklar döwründen soň uklap ýatan döwlet,
hökümdarlyk, tagt baradaky duýgularyny oýarýar.
1897-njy ýylda türkmen kethudalary, aksakallary Aşgabat geňeşine ýygnanyp,
öňki hatapgalanyň ýerinde Türkmen döwletini gurandyklaryny yglan edýärler.
Magtymgulynyň «Bir suprada eda bolsun aşymyz» diýen dilegi gowuşýar. Döwletiň
ykrar edilmegini sorap Eýrana, Owganystana, Türkiýa hat ýollanylýar. (Bu hatlar
barada A. Grodekowyň «Türkmen ilindäki uruş» diýen kitabynda hem ýatlanylýar.)
Ýöne VII asyryň aýagy ýer tutmadyk Hatapgalasyndan soňra täze döwlet ymykly
düýbäp ýetişmänkä, 1973-nji ýylda Hywa tarapdan Türkmenistana aralaşan Aleksandr
II 1881-nji ýyldan soňra Hazar ýandanam gelip Türkmenistany durşy diýen ýaly basyp
alýar. Netijede, ençeme ýyllap erkin dem alyp gelýän türkmen topragy ham paýlaşylan
ýaly üç döwletiň arasynda paýlaşylýar. Zakaspi, Maňgyşlak Russiýa gös-göni geçen
bolsa, Daşhowuz, Çärjew etraplary Hywa, Buhara wassallarynyň üsti bilen Orsýetiň
eýeçiligine geçýär. Ýurdyň günorta bölegi Owganystanyň, Türkmensähra bolsa
Eýranyň paýyna düşýär.
ILKINJI MILLI KOMITET
XX asyryň dowamynda türkmenleriň ýene-de birleşip, döwlet gurup bilmekleri
üçin beýik taryhy mümkinçlikleriniň 2-si döredi. Bularyň birinjisi 1917-nji ýylyň
fewral rewolýusiýasyndan, ikinjisi bolsa 1985-nji ýylyň üýtgedilip gurmagyndan soň
ýüze çykdy. «Dünýäler düýşdür keýtige» diýleni, birinji mümkinçiligi Zakaspi,
Maňgyşlak türkmenleriniň aglabasy goýun yzynda uklap geçirdi. Herhal, uka
basmarlaman ýörenlerimiz-de bardy. Dürli etraplardan bolan bu ýaş türkmen
intelligensiýasy Aşgabada ýygnanyşyp türkmen milli komitetini döretdi, onuň
gurultaýyny çagyrdy. Tuzemlileriň oýanyp, öz ene topraklarynyň ykballaryna özleri
eýe bolup, häkimiýeti ele aljak, döwlet gurjak bolmaklary «Nikolaý ýykylan bolsa
ýerine başga bir ors döwletini gurarys» diýip, Aşgabatda öz gurultaýlaryny arkaýyn
geçirip ýören rus buržazlarynyň zährelerini ýarýar. G. Ýomudskiniň berýän
maglumatlaryna («Türkmenowedeniýe», 1928, No 6) görä, olar ilki türkmenleriň
gurultaýlarynyň ûstüne ýaragly çozmakçy bolýarlar. Megerem, öň Gökdepede,
Hywada, 1916-njy ýylda Tejende, Etrek boýlarynda gözzleriniň ody alnan tuzemliler
gorkup gaçarlar, dargarlar öýdüp pikir edendirler. Ýöne, soňra wraç Dorreniň
ýolbaşçylygynda keçetelpek türkmeniň garşysyna «agzyny alartda höküm sür» diýen
hiläni gurmagy makul bilýärler. Ine, onsoň, «Häkimiÿet başyna öz adamlaryny goýjak
bolýarlar» diýip, tekäni ýomuda, gökleňe, ýomudy tekä, ata, salyra,,, ýamanlaýarlar.
Türkmenleriň arasyna edil ýylan giren ýaly bolýar. Ýene az wagt gaýrat etseler ýedi
www.ertir.com/kitaphana
20
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
asyrdan soň beýik işi一Türkmen döwletini gurup bilmekleri, öz ýurtlaryna özleri eýe
bolup höküm sürmekleri, ýurt sorap oturmaklary ahmal türkmenler milli komitetden
möý pytran ýaly dagaýarlar. Agzybir bolşup, ýene biraz depelrenseler han bolmaly,
ministr bolmaly kişiler indi bir-biriniň aýagyndan ýazylan arzalary bilen melgun
Dorreniň kabinetiniň öňûnde itinişip nobata durýarlar. Olaryň döwlet gurjak boluşlary,
ine, şeýle gûlkünç tamamlanýar.
JÜNEÝT HANYŇ DÖWLETI
Häzirki wagtda ekologik dowzahda «gülläp ösýän» Daşhowuz etrabynyň hepbik
ýaly halky bar. Emma birinji mümkinçlikde welin olaryň özbaşdaklyk, döwletlilik
ugrundaky göreşi tutuş Orta Aziýany sarsdyrypdy. Eýsem gadymy Hywa döwletiniň
iň soňky patyşasy, iň soňky Jüneýt han hakynda kim eşitmedi? Özbekleriň we
türkmenleriň şärikli döwleti bolan Hywa hanlygynda türkmenleriň paýyna şu hili iş一
döwleti goramak işi, özbekleriň paýyna bolsa hojalygy ýöretmek işi düşýärdi. Döwleti,
ýurdy goraýandyklary üçin türkmenler salgyt tölänokdylar, ýap, haşar gazlyşygynda
işlänokdylar. Bu işleri hojalyk bilen meşgullanýan özbekler edýärdiler. Şeýdip, iki
halk asyrlar boýy bir şärikli döwletde oňşup ýaşap gelýärdiler. Diňe dişine çenli
ýaraglanyp gelen ruslar hanlygy basyp alyp, wassallaryna öwrenlerinden soň indi
arkasyny ruslara direýän Hywa hany öňden gelýän däbi bozup, türkmenlere agyr
salgytlar salýar, agyr işlere çekýär. Rus generallaryna daýanyp, özbekleriň atlyabraýly adamlarynyň 300-sini tussag edýär. Bularyň hemmesi 1912-nji ýyldan soň
türkmenleriň 2 gezek gozgalaň turuzmaklaryna we ikisinde hem Hywa goşunyny
derbi-dagyn edip, Isfendiýar hany ýesir almaklary bilen gutarýar. Diňe ýaşuly
adamlaryň töwellasy bilen han öldürilmän galdyrylýar. Tizden ruslaryň jeza beriji
otrýady gelip, türkmenlerden öç alýar. Jüneýt han Owganystana aşyp gidýär. Ýöne
Nikolaý II ýykylan badyna ol yzyna öwrülip gelip, Isfendiýary agdarýar we häkimýeti
öz eline alýar. Russiýanyň wassaly Hywa döwleti ýene erkinlige geçip, garaşsyzlyk
gazanýar. Ýöne Jüneýdiň hanlyk etmeginde gadymy Harazmin döwletine garaşsyz
ýaşamak bagty bary ýogy üç ýyl nesip edýär. Näme diýeniňde, 1920-nji ýylda rus
bolşewikleri goşun sürüp, ýurdy basyp alýarlar. Gadymy Hywa döwleti ýaşamagyny
bes edýär.
Jüneýt han şondan soň Hywanyň garaşsyzlygyny dikeltjek bolup Jelaleddin
mysaly ýene 8 ýyllap göreşdi. Emma işi şowlaman, ahyry 1928-nji ýylda dagdan ilerik
aşýar. 1930-njy ýyllarda Owganystanda ýogalan hanyň ölemzinden burun (öň) aýdan
sözleri barada şeýle gürrüň bar: «Men ölsen, jesedimi ene topraga aşyryp jaýlaň. Eger
eltdirmeseler, pul beriň, adam pul görelse durup bilýän däldir. Eger bu-da bolmasa,
www.ertir.com/kitaphana
21
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
jesedimi hol akyp ýatan derýa taşlaň一diýip, garry han Jeýhuna nazaryny dikýär.一
Men türkmen iline derýa bilen bararyn, bolmanda jesedimi iýen balyklar bilen
bararyn».
Hawa, gadymy Hywa döwletiniň iň soňky hany Jüneýt han, ine, şeýle diýip, jan
berýär.
TÜRKMENSÄHRA RESPUBLIKASY
Magtymgulynyň azatlyga, garaşsyz döwlet gurmaga çagyrýan goşgulary 20-nji
ýyllarda şahyryň guburynyň ýatan topragy bolan Türkmensährada her bir türkmeniň
diliniň senasy boldy. Munuň soňy azat Türkmen döwletiniň gurylmagy bilen
tamamlandy. Bu döwletiň nähili döredilişi hakynda sözi iň gowsy taryhçy N.
Öwezberdiýewe bereliň. Ol «Ýaşlyk» žurnalynda (1989 ý. No 9) çykan makalasynda
şeýle maglumatlar getirýär.
«1924-nji ýylyň maýynda Gürgen we Etrek sebitindäki türkmenleriň arasynda
milli azat edijilik tolgunmalary başlandy.一diýip, taryhçy soňra esasy gürrüňe geçýär.
一Ähli türkmen taýpalarynyň kethudalarynyň Omçalyda bolan gurultaýynda Garaşsyz
Türkmen Respublikasy jar edildi. Kömek sorap Sowet Soýuzyna, Welikobritaniýa we
Türkiýä ýûz tutmak hakynda kararlar kabul edildi. Ýöne SSSR-e ýüz tutulmady.
Türkiýe Gürgene öz wekilini iberdi. Welikobritaniýanyň wekiline bolsa «kiçijik
türkmen milletini goramak» barada ýüzlenme iberilipdi. Türkmen respublikasynyň
ilkinji ýolbaşçy wezipesine Osman ahun saýlanyldy. Ol öz wagtynda Buhara
medresesinde bilim alypdy we örän abraýly adamdy. Ýolbaşçynyň ýanynda
wekilleriniň soweti döredilip, onuň merkezi Kümüşdepede boldy. Regulýar goşuny
döretmek üçin ýörite harby mekdep guraldy. Onda okatmak üçin türk ofiserleri
çagyryldy...»
Garaşsyz Türkmen respublikasy 1925-nji ýylyň oktýabryna çenli, ýagny, alty aýa
golaý ýaşady. Çünki köp sanly türkmen goşunlaryny ýeňýärler hem-de ýurdy ýene-de
basyp alýarlar. Basylyp alnan respublikanyň ýolbaşçysy Osman ahun, şeýle hem
ýolbaşçylardan Laly han, Gök sopy, Allaýar han dagy türkmenleriň bir bölegi bilen
Türkmenistanyň çägine, ýagny sowetleşdirilen territoriýa geçýärler. Şol bada hem
olary tutup integrirleýärler, başgaça aýdanyňda, näbelli ýagdaýda ýok edýärler. Näme
üçin! Sebäbi Osman ahunyň garaşsyzlyk «keselini» sowet türkmenlerine
ýokuşdyrmagy mümkindi.
Latyşlaryň prezidenti Ulmansk stalinizm döwründe Krasnawodskiniň töweregine
getirilip öldürilýär. Eýýäm bir-küç ýyl bäri latyşlar ara näçe daş hem bolsa, şondan
suňa prezidentlerini ýatlap gelýärler. Türkmensähranyň ýolbaşçysy hem Gyzyletrek,
www.ertir.com/kitaphana
22
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Nebitdag, Krasnawodsk sebitlerinde öldürilen bolmaly. Emma biz onuň mazaryny
tapmalydyrys, ony anyklamalydyrys hem öýdemzok. Garaşsyzlygyň ýaýramagyndan
gorkup SSSR-iň şol wagtky daşary işler ministri G. W. Çiçerin Respublikanyň jar
edilmegine «garaşsyzlyk baradaky oýun» diýip at berýärdi we uzak wagtlap Eýranyň
«hökümet goşunlarynyň hereket etmeýänligine», ýagny, azatlyga çykan ýaş döwleti
täzeden basyp almaga haýal-ýagallyk edilmegine gynançly äheň bildirýärdi.
Hawa, ikidilli köne soýuz kiçi dilden bärde «garaşsyzlyk, azatlyk» diýýärdi, baryp
afrika halklaryny goldan bolýardy, emma kiçi dilden aňyrda bolsa baryp ÿatan
koloniýal syýasat ýöretýärdi. Ine, şularyň netijesinde hem garaşsyz döwlet gurmagyň
birinji beýik mümkinçiligi türkmenler üçin şowsuz tamamlandy.
Totalitar soýuzyň dargamagy bilen dörän ikinji taryhy mümkinçiligi hem biz
häzir başdan geçirip ýörüs. Eýsem birden soýuz saklanmadyk halatynda biziň garaşsyz
döwlet gurup. XXI asyryň işiginden azatlyk baýdagyny parladyp girip bilmegimiz
mümkin zatmy? Eýsem biz Magtymgulynyň guburynyň başyndaky daşa «Rahat ýat,
şahyr seniň arzuwyň wysal boldy. Biz garaşsyz Türkmen döwletini gurduk» diýip,
ýazyp bilerismi?
Dogrudanam, birbada seretseň haýwanat bagyndaky ýolbarsy gözenekden
erkinlige goýberseň, onuň awuny alyp bilmän ölşi ýaly kolonializmyň gözeneginden
çykarylsa türkmen halky hem özbaşdak ýaşap bilmejek ýaly. Emma, siňe seretseň,
beýle däl. Gözenekden çykan haýwan hiç kimden kömek almany üçin ölýär, bize
bolsa erkinlige çyksak ynsan gaýratymyzdan başga bize kömek etjek bütin progressiw
adamzat bar. Zamananyň XX asyrdygyny unutmalyň. Onsoňam, müňlerçe ýyllyk
kökli halk bolup gel, gel indi «gulaty saýasyz» ýaşap bilmejek bolsak, kör bolalyň.
«Toprak başyňyza zaňňarlar» diýilýänleri bolalyň. Aýal-gyzlaryň öňünde başymyza
telpek geýmäliň. «Özbaşdak ýaşap bilmeris» 一 şu gepi tapýan türkmen halkynyň
mertebesini nähili depeleýändikleri, namysyny ýere çalýandyklary hakda pikir
edýärlermikä? Erkinlikde ýaşap bilmeýän ýolbars eýýäm janly gäb iýäýmeseň hakyky
saýylanok. Diýmek, «özbaşdak ýaşap bilmeris» diýmegem öz dikiň bilen biz ýetik
halk däl, özümem ýetik wekil däl diýmek ahyryn. Beýle-de bir zoňtarak, pese
düşmeklik bolarmy?
Rim akyldarlarynyň biri «Men adam, adama mahsus bolan ähli zatlar maňa-da
mahsusdyr» diýipdir. Men bu dana başymy egip, sözüni şeýleräk aýdasym gelýär.
«Biz, türkmenler hem halk. Şoňa görä-de, başga halklara mahsus bolan garaşsyzlyk,
döwlet, goşun, azatlyk ýaly derejeler bize-de muwpykdyr». Gep şu muwapyk
derejeleriň elimizden ogurlanyp alynanlygynda. Gep şu döwletliligi yzyna gaýtaryp
almaklykda. Bizde häzir döwlet gurmaga ähli şertler-halkara, ykdysady, syýasy,
medeni şertler bar.
Şu ýerde «Biz özbaşdaklyk hakynda Jarnama kabul etdik. Şundan soň
www.ertir.com/kitaphana
23
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
garaşsyzlyk, döwletlilik meselesini gozgamagyň manysy barmyka?» diýen sowalyň
atylmagy mümkin. Meniň ünsi 1924-nji ýyla çekesim gelýär. Türkmen rewolýusion
komitetiniň şol ýylyň güýzünde halka ýüzlenmesinde «Biz Soýuzyň hatarynda
garaşsyz döwlet gurduk» diýlip, yglan edilýär.
Üns bereliň. Ýüzlenmede «özbaşdak» sözi däl-de, eýsem manysy has güýçli
«garaşsyzlyk» sözi ýazylypdyr. Soýuzyň hataryndaky 70 ýylda ol garaşsyzlygyň
hakykata gury sözden başga hiç zat bolmandygyny özüňiz gowy bilýärsiňiz. Şoňa
görä-de, konfederasiýa däl-de, eýsem bitewi döwlet statusynda oturan soýuzyň
hataryndakak, häzirki suwerenitetimiziň ykbalyny hem ýaňky «garaşsyz» sözüniň
ykbaly ýaly ýataýmagy ahmal. «Hudaýa ynansaň ynan welin eşejigiňi berkje duşa»
diýipdirler. Ine, onsoň, garaşsyzlyk meselesi ýene-de ör-boýuna galýar duruberýär.
Eýsem, Türkmenistan näme? Muňa geografiýa babatda ozaly bilen resmi
maglumatlarda görkezilýän 488,1 müň km2 meýdan diýilip düşünilýär. Aslynda
welin, onuň meýdany has uly bolmaly. Ýöne häzirki 488,1 müň km2 meýdan hem az
ýer däl. Munça ýer Planetamyzyň ähli gury ýeriniň (149,1 mln km2) takmynan üç
ýüzden bir bölegine barabardyr.
Ilatymyz hem az däl一3,6 million adam. Geçen 70 ýylda eger biz bir zatda ösen
bolsak, çaga ölûminiň ýokary bolmagyna garamazdan ilat sanymyzyň artmagynda
ösdük. Başda TSSR döredilende G. Atabaýew rewolýusiýadan soň azalan ilat
sanymyzy zordan bir milliondan geçiripdi. Häzir bolsa, tüneksiz kösenýänimiz köp
diýmeseň, tüweleme 4 milliony alkymlap barýarys. Baş sanymyzyň artmagynyň
sebäbi pagta ýygmaga dogýan täzeje zähmet resurlary hökmünde ilki-ilkiler artyşymyz
biçak mübäreklenýärdi, aýallarymyzyň döşlerine orden üstüne - orden dakýardylar.
Ýöne 80-nji ýyllarda bu artyşdan birden howatyrlanyp ugraldy; türkmenler soňra
dolandyrylmasy kyn boljak uly halka, uly gûýje öwrülip barýardylar. XI asyrda uly
goşun bilen raýatyndaky türkmenleriň ýurduna «Görme-görşe» geleb Mahmyt
gaznawy olaryň biçak köpeleninden howatyrlanyp, birden bir zat gopaýanda ýarag
tutup bilmezleri ýaly erkek göbeklileriniň ählisiniň başam barmaklaryny kesdirmekçi
bolýar. Siwilizlenen XX asyrda bolsa howatyrçylyk esasynda täze ýerleri özleşdirmek
bahanasy bilen türkmenleri itiň ölen ýerine 一 Amura göçürmek kampaniýasy
ýaýbaňlandy, respublikanyň 16 ýerinde maşgalany planlaşdyryş gulluklar döredildi.
Göwresinden çagasy kesilip alynsa, aýal adam öwrülip doguryp bilmeýär. Ine, onsoň
wraçlaryň şu operasiýany köp etmekleri üçin pul baýragyny bermek düzgüne girizildi.
Barybir, indi bularyň netijeliligi az Türkmenler uly halk hökmünde eýýäm özlerine
ýeterlik köpelip bildiler. Onsoňam, Türkmenistanyň özündäki 2,5 million töweregi
türkmenden başga-da daşary ýurtlarda 6 一 7 milliona golaý türkmen ýaşaýar.
Geljekde olaryň hem müňlerçesiniň göçüp gelip, republikanyň ilat sanyny
artdyrmaklary ahmal.
www.ertir.com/kitaphana
24
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Ikinji jahan urşundan soň kolonializmiň salynyň çagşap ugrandygyny okyjy
bilýändir. Hawa, şonsyzlyk toýuny toýlamaklary netijesinde jahanda döwletleriň
içinde kartada, globusda meýdanlary nokat ýaljak görünýän, ilat sanlary hem 30一40
müňden geçmeýän maýdaja, özümizden egsik saýjak halklarymyzyň hem hiç zatdan
gorkman, heder etmän, gaýtam baýdaklaryny buýsançly parladyp mizemän
oturyşlaryna seredip özümiziň şu ymgyr giden meýdanly, ilatly halymyza «özbaşdak
ýaşap bilmeris» diýip ejizlemekligimize aglajagyňy-da bileňok, güljegiňi-de.
Ynha, Ýewropada ilaty 1 müň adam bolan Watikany agzamanymyzda-da, ilaty
müň adam, meýdant 200 km2 bolan Lihtenşteýn, ilaty 50 müň adam, meýdany 500
km2 bolan Andorra, ilaty 360 müň adam, meýdany 2600 km2 bolan Lýuksemburg,
ilaty 300 müň adam, meýdany 300 müň2 bolan Malta ýaly döwletler bar. Biz,
türkmenler, dogrusy Monako ýaly 1,9 kw2 meýdanly 30 müň ilatly ýerde kolhoz
guramaga ýürek etmezdik, Monako halky bolsa, tüweleme, döwlet gurnup otyr. Onsoň
Ýewropadaky Türkmenistanyňkydan ilaty az, meÿdany kiçi Islandiýa (103 müň kw2,
240 müň adam), Irlandiýa (70,3 müň km2, 3,5 mil. adam), San-Marino (60 km2, 20
müň adam) ýaly döwletleriň gürrüňini edip oturmagyň hajaty hem ýok. Afrika
materiginde Türkmenistanyňkydan meýdany köp, ilaty az Gambiýa (11,3 müň km2,
660 müň adam), Jibuti (22, müň km2, 460 müň adam), Gwineýa-Bisua (36,1 mûň km2
910 müň adam) ýaly ençeme döwletler bar. Daşa gidip oturman, öz ýaşaýan
materigimiz Aziýany alyp göreliň. Onda ilat taýdanam, meýdan taýdanam
möçberleriniň kiçidigine garamazdan ýaşap oturan Bahreýn (600 km2, 410 müň
adam), Bruneý (5800 km2, 240 müň adam), Butan (47 müň km2, 1450 adam), Katar
(181 müň km2, 330 müň adam), Kipr (9,3 müň km2, 670 müň adam), Liwan (14,4
müň km2, 2710 adam), Maldiwi (300 km2, 190müň adam), Birleşen Arap Emirlikleri
(83,6 müň km2, 1380 müň adam), Oman (212,4 müň km2, 1240 müň adam), Singapur
(600 km2, 2590 müň adam), Kuweýt (17,8 müň km2 1790 müň adam) ýaly döwletler
bar. Kiçi döwlet diýip, meselem, Kuweýt ýaly ýurt basylyp alynjak bolnaýanda-da
häzir oňa dünýäde ýol berlenok. Demirgazyk we Merkezi Amerikadaky kiçijik halklar
Antigua Barbuda (400 km2, 80 müň adam) Bagam adalary (13,9 müň km2, 240 müň
adam), Barbados (400 km2, 250 müň adam), Beliz (23 müň km2, 170 müň adam),
Grenada (300 km2, 110 müň adam), Dominika (800 müň km2, 170 müň adam),
Kosta-Rika (50,7 müň km2, 2670 müň adam) Nikaragua (130 müň km2 3380 müň
adam), Panama (77,1 müň km2, 2230 müň adam), Sent-Wiksent (400 km2, 102 müň
adam), Sent-Kite (300 km2, 50 müň adam), Sent Lýusiýa 600 km2, 130 müň adam),
Ýamaýka (11,5 müň km2, 2370 müň adam) ýaly döwletleri gurup bilipdirler. Rast,
materiklerdäki kiçijik döwletleri sanaýan bolsak Günorta Amerika bilen Awstraliýany
hem suw damdyraýmazlar ýaly agzap geçeliň. Günorta Amerikada meýdab we ilat
babatda Türkmenistan bilen deňleşip bilmejek Gaýana (215 müň km2, 970 müň
www.ertir.com/kitaphana
25
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
adam), Surinam (163, 3 müň km2, 380 müň adam), Urugwaý (178 müň km2, 2980
müň adam), Awstraliýada we Okeaniýada bolsa Watuatu (14, 6 müň km2, 380 müň
adam), Samoa (2,8 müň km2, 161 müň adam) Kiribati (700 km2, 60 müň adam),
Nauru (20 km2, 8 müň adam), Täze Zelandiýa (269 müň km2, 3250 müň adam),
Papua (462 müň km2, 3400 müň adam), Süleýman adalary (29 müň km2, 2500 müň
adam), Tango (700 km2, 110 müň adam), Tuwalu (20 km2, 8 müň adam), Fiji (1,80
müň km2, 700 müň adam) ýaly döwletler bar. Gepiň gysgasy 488,1 müň km2
meýdany hem-de 3650 müň ilaty bolan Türkmenistan garaşsyz döwleti berkarar etse,
dünýädäki 215 töweregi döwletiň arasynda meýdany boýunça 45-nji orny, ilaty
boýunça 145-nji orny eýelärdi. Şu ýerde «esasy zat meýdanda we ilatyň sanynda däl,
gep halkyň döwlet gurmaga taýyn däldiginde. Garaşsyz döwleti götermäge injigimiz
çatmaz. Bizde ýerliçillik, tire-taýpaçylyk, kadr ýetmezçiligi bar ahyry» diýilmegi
mümkin. Hawa, häzir biziň köpümiz döwlet gursak, taýpaçyllyk keselimiz şol bada
tutaşaga-da, döwleti dargadar öýdýäris. Meniň pikirimçe, bu beýle bolmaz. Gaýtam
şonda döwlet däl-de, taýpaçyllyk, ýerliçillik keselleri ýok bolar. Näme diýeniňde,
beýik işler, beýik maksatlar halky dargadanok-da gaýtam birleşdirýär, halka
jebisleşmäge, bir saçagyň başyna üýşmegine egsilmez erk, intellektual güýç berýär.
Ýokarky keseller nämeden döräpdi? Birinjiden, baýlyk ýykylansoň, başymyz
bolmady. Ikinjiden, goňşy döwletler agzymyzy alardyp höküm sürjek bolupdyrlar.
Üçünjiden, feodal gahatçylygy, ykdysady üzňeligi we oňuşmazlygy döretdi. Ynha, XX
asyrda-da ozal taýpa toparlaryna böldürilen halky üstesine baý diýdi, garyp diýdi,
kulak diýdi, orta daýhan diýdi, garaz, synpy toparlara hem bölüp, agzyny has
alartdyryp, höküm sürüp ugradylar. «Ruslar bolmasa oňuşmarys, oňmarys» diýen
pikiri beýnä guýmak üçin tire-taýpa wawwasy bolşundan bäş beter ulaldyp
propagandirlendi.
Stalinizm ilaty ol aýlykdan bu aýlyga, döwüm çörege daňdy. Edebiýata, sungata,
ylma synpylyk diýdi, partiýalaýynlyk diýdi, sosial realizm diýdi, gepiň gysgasy,
gandal baryny urup, şahsyýetiň ösmegine, zehinini doly açmagyna ýol bermedi. Biz
bolsak, türkmençiligimizi etdik, günäni ýerden däl-de, «ýer gaty bolsa, öküz-öküzden
görerlerini» etdik. Toparlanyşdyk, harçaňlaşdyk. Indi bu dertleriň emi näme? Döwlet
gursak, bu kesellerden saplanarys.
Türkmen halky dünýä Oguz han, Togrul soltan, Alp-Arslan, Mälik şa, Soltan
Sanjar, Jelaletdin, Nedir şa... ýaly hökümleri ýer sarsdyran nazarkerde patyşalary,
şalary berdi. Nesimi, Magtymguly ýaly beýik söz ussatlaryny berdi. Olar döwrüň öňe
çykarýan beýik maksatlaryna gulluk edipdiler, onsoň döwür hem öz gezeginde olara
ganat beripdi. Gulluk edeliň, bizem, beýik işe, döwlet gurmak işine, gabatly
bolanymyzy duýman galarys. Seljuklar döwri Omar Haýýam, Nyzamy, Nyzamyl
Mülk ýaly beýik şahsyýetleri berdi. Garaşsyz döwlet gursak häzirki pagta ýygyp ýören
halkdan göýä diýersiň, ýeriň astyndan çykýan ýaly, şeýle bir guýma gursak, çulum
www.ertir.com/kitaphana
26
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
kadrlar çykar, nirede ýerleşdirjegiňi bilmersiň.
Her niçik, 70 ýylyň sistemasyndan Türkmenistan iki elini burnuna sokup, gusgury çykmady. Biz türkmenler, hojalygy, döwlet edaralaryny, gepiň gysgasy, döwlet
maşynyny gowşak hem bolsa ýöretmegi öwrendik. S. Nyýazow respublikany
özboluşly dolandyrmagy başarýan prezident hökmünde tanalýar. Ümsümjeräk bolsada, «meni urany hudaý ursun» diýip duran bolsa-da, özbaşymyzy parlamentimiz bar.
Bu maşyny tirkegden aýryp, özbaşdak ýol bilen sürmäge öz türkmen sürüjilerimiz
ýeterlik. Onsoňam, hany aramyzdaky slawýan hem kowumdaş halklardan bolan
kadrlar. Bizde milletçilik ýok, öň basyp alan ýa-da okkupirlän diýip käbir halklary
ýanamak meýli ýok. Geçeni geçdi bil diýipdirler. XIX asyrda näme bolan bolsa, oňa
şol döwrüň gözi bilen garalsa ýagşy. Köne döwür bütin dünýäde basyp alyşlar
asyrydy. Hatda döwletimiz ýokga hem alaman diýdik, çapawul diýdik, dagdan ilerik
gün görkezmändik. Sankt-Peterburgda 1914-nji ýylda çykan «Rossiýa» 19 tomluk
kitapda berilýän maglumata görä, türkmenleriň diňe XIX asyryň özünde dagyň
aňyrsyndan boýnuna tanap salyp getiren gul-gyrnaklarynyň sany bir milliondanam
aşypdyr. Hawa, ol döwür şeýledi. Indi bolsa XX asyr, bosagada-da XXI. Biz çägindäki
ähli halklaryň deň-hukuklylygyny ykrar etjek, raýatlaryna hojaýynçylyk däl-de,
sakçylyk etjek garaşsyz Türkmen döwletini gursak türkmen däl halklar hem-ä hojalyk
döwlet işlerine ulaşarlar hem-de slawýan türki döwletler (Russiýa, Ukraýina,
Özbegistan, Gazagystan...) bilen has ysnyşykly ykdysady, söwda gatnaşyklaryny ýola
goýmaga şert dörederler. Ýeri gelende aýtsak, ykdysady gatnaşyklary saklamaga bize
görä goňşy döwletleriň özleri has döwtalap bor. Çünki olara çig mal zerur. Biz bolsak,
çig malymyz barka iň bir iňirdewik aýallarymyzyň hem göwnüne ýarap, sesini
kesdirip biljek harytlary, özi hem göwnüne ýarap, sesini kesdirip biljek harytlary, özi
hem iň saýlamalaryny dünýäniň bazar gözläp ýören islendik döwletinden taparys.
Biz tapmarys, harytly haltalaryny arklaryna alyp, olaryň özleri bizi gözläp
taparlar. Formal hem bolsa, Jarnama esasynda alnan sähelçe erkinlik bilen goňşy
döwletleriň gör näçesine äpişge däl, eýsem gapy, ýok, derweze açylardy. Gepiň
gysgasy, biz koloniýal gandaly gyryp taşlap, bütin dünýä gatyşyp gitjek, esasan
hususy eýeçilige, ýeriň daýhanlara berilmegine daýanjak we konkurensiýa arkaly
ewolýusion ösjek türkmen ykdysadyýetini döredip bilerdik. Dünýä konkurensiýasyna
döz gelmegiň, çig mallary amatly satmagyň, ýuwaş-ýuwaşdan olary satmakdan
gaýtadan işlemegiň mehanizmlerini öwrenerdik. Ykdysadyýetiň esasy daýanjak zady
çig mal bolsa, hudaýa şükür, bizde heniz az däl. Eger hudaý dil paýlaşygynda
haltasyny Dagystanyň üstünde gowzadan bolsa, çig mal paýlaşygynda çuwalyny
Türkmenistanyň depesinde egsen bolmaly. Klimat babatda, o diýen bagty gelen
bolmasa-da, çig mal babatda alladan nadyl bolar ýaly däl. Meselem, gazdan, nebitden,
pagtdan başga bizde häzir ýylda dünýäde bir tonnasynyň bahasy 120 dollar bolan
kükürdiň 600 müň tonnasy, tonnasy 32 dollar bolan nahar duzunyň 650 müň tonnasy,
www.ertir.com/kitaphana
27
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
sulfatyň 260 müň tonnasy (tonnasy 130 dollar), tehniki iodyň 568 tonnasy (tonnasy
17,7 müň dollar), iodoforminiň 50 tonnasy (tonnasy 59 müň dollar), iodly kaliniň 390
tonnasy (tonnasy 20 müň dollar), ýüňüň 15 müň tonnasy (tonnasy 6 müň dollar),
halynyň 1100 müň kwadrat metri (1 m2一200一250 dollar) bentonidiň 100 müň
tonnasy (tonnasy 33 dollar), selestiniň 20 müň tonnasy (tonnasy 56 dollar) we beýleki
ençeme önümler öndürilýär. Ýene bir zat, Türkmenistanda altynyň uly zapasy bolmaly
diýlip çaklanylýar we eýýäm 100 ýyl bäri aýakaldygyna gözlenilýär. Oňat ýeri,
digirleri tapylsa-da hazynanyň tapdyrtman gelýäniniň sebäbi «garaşsyz döwlet
guranlarynda nesip ederin» diýip, garaşyp ýatanlygyndandyr.
MILLI GOŞUN DÖRETMELI
Geliň, indi Tûrkmenistan garaşsyzlyk alypdyr, azatlyk baýdagyny parladyp
dikipdir diýeliň. Eýsem, şonda, arkamyzda soýuzyň tanklary, ýadro ýaraglary direnip
durmaýan halatynda bizi şol bada düýt-müýt edip, basyp almazlarmy?
Häzirki wagtda Türkmenistanyň haýsy ýola eýerjegi, nä tipli döwlet gurjagy barada
diňe Eýranyň, Türkiýanyň däl, eýsem goňşy arap döwletleriniň, gündogarda
Pakistanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Ýaponiýanyň hat-da ýeriň arka ýüzündäki ABŞnyň hem öz bähbitleri nukdaýnazarlaryndan gyzyklanýandygy gizlin zat däl. Ýöne XX
asyrda şolaryň «basyp alarys» diýen jeňparaz, morta hyýala atlanjakdyklaryna men-ä
ynanamok. Aslynda «basyp alarlar» diýen zörletme Sistemanyň çykaran ideologik
nysagy ahyry. Bolşewik metropoliýasy 70 ýyllap elimize «panislamizm, panturkizm»
diýen daşlary tutduryp, tutuş goňşy günortany daşladyp, kesekledip geldi. Sebäbi ol
bizi çykan, dörän ýerimiz bolan gündogar medeniýetinden çetleşdirmek, olar bilen
badaşan kökleri çapyp aýrmak, soňundan bolsa türkmenleri hem umumy bolmaly
sowet milletine garyp ýitirmek üçin «Barbarossa» planyny amala aşyrjak bolup
gelýärdi. Goňşy döwletler basyp alyp bilýän bolsalar, bizi geçen asyrlarda alardylar,
bizi bolsa soňky eýýamda Patyşa Russiýasyndan başga basyp alan bolmady. Eýsem,
kim basyp alar? Eýranmy? Niýetini şoňa düwen bolsa «Apbasaly» sekiz ýyllyk
uruşdan soň häzir gününe it aglaýan Yragy basyp alardy. Emma ol «Kyýamat güni
goňşudan» 一 diýenlerini etdi. Indi kim bar, basyp aljak? «Panturkizm» äýnegini
dakynyp seredýän Türkiýämizmi? Aslynda, häzirki türk halky diýilýän millet XII
asyrda şu ýerden 一 höwürtgeden giden, Kiçi Aziýany 一 Rumustany basyp alan
türkmenleriň zürýatlary ahyry. Olar şol subtropik-jennet howaly mekanlarda 1918-nji
ýyla çenli VI asyrlap dünýä ýaň salyp gelen Osman imperiýasyny berkarar etdiler.
«Döwlet gurjak bolsaň türkmeni çagyr» diýen sözüň dogrudygyny ýene bir gezek
dünýä görkezdiler. Emma, geň ýeri, ata watanda galan türkmenler bolsa özleri üçin
www.ertir.com/kitaphana
28
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
döwleti däl-de, hatapgalany gurmagy rowa gördiler hem-de ahyry başlaryna
kolonializmyň külpetini inderdiler. Ýok, gardaşlar, bize ata-babalary hökmünde
seredýän Türkiýeliler üstümize çozmazlar. Olar Türkmensähra döwletine edişleri ýaly,
bize delalat berseler bererler, başymyza bir iş düşse, arka durmaga gelerler, saçakly
gelerler, emma Patyşa Russiýasynyňky ýaly ýygyn baglap, ýow bolup gelmezler.
Her hal, «Hudaýa ynansaňam ynan welin, eşejigiňi berkje duşa diýipdirler. Biziňem
türkmen döwletini, halkynyň asudalygyny gorar ýaly öz milli goşunymyz, Ýaragly
güýçlerimiz bolar ahyryn. Özi hem hele-hüle-de däl, onuň iň kämil goşunlardan
boljakdygyna men çuňňur ynanýaryn. Näme diýeniňde, türkmen diýeniň zandy harby
halk bolan. Dünýäde her halk bir ugurdan adygýar. Hindi aýdym-sazda, arap
dindarlykda, nemes akylda, özbek janypkeşlikde... tanalýar. Türkmenler bolsa geçen
asyrda Orta Aziýa gelen ýewropaly alym Wamberiniň ýazmagyna görä, «içiňden
geçip barýar bürgüt garaýyşlary, merdemsi, döwüşgen syratlary bilen tanalýar». Alym
pikirini çugdamlap, şeýle ýazýar: «Men gyrgyzlaryň, garagalpaklaryň we özbekleriň
arasynda rüstem syratly ençeme ýaş ýigitlere duşdum. Emma welin tebigy berlen
rüstemligi, tebigy batyrlygy diňe türkmenlerde gördüm. Türkmenler Orta Aziýanyň iň
bir desti belent, iň bir aznawur halkydyr. Olardan gaýraky Hywa, Buhara, Kokant
şäherlerinde lepbeýlik we näziklik patyşalygy başlanýar». Wamberiniń gelen netijesini
patyşa Russiýasynyň Türkmenistany Kaspiden (Hazar) Gökdepä çenli basyp almak
üçin takmynan 30 mln manat, Orta Aziýanyň tutuş galan bölegini eýelemek üçin bolsa
bary-ýogy 10 mln. manat harçlandygy hem tassyklaýar.
Birinji jahan urşunda Nikolaý ikinji türkmenlere telpek salgydyny salýar. Sebäp
diýeniňde, gaba telpeklini görende iň bir söweşjeň halklardan bolan nemesler hem
möjek gören goýna döner ekenler.
Köne döwürlerde, Orta Asyrlarda bolsa türkmen goşunlarynyň jyza parladyp
eden ýörüşleriniň öňünde Aziýanyň ägirt uly bölegi dyza çökýär. Soltan Alp-Arslanyň
aýtmagyna görä «ol belent depä çykyp garanda ymgyr giden agyr goşundan ýaňa
aýagynyň astynda ýer elenip durýan eken». Hawa, beýik haçly ýörişler öz öňlerinde
demir gala bolup duran şeýle türkmen goşunlary duransoň, şöhratsyz tamamlanypdy.
Tutuş musulman dünýäsi minneti türkmen goşunlaryndan çekip, haçly ýörişleriň etjek
weýrançylyklaryndan halas bolýar. Hany indi Orta Asyrlarda tutuş Ýewropany
elendiren ol türkmen goşunlary? Asyrlar olardan derek goýmady. Şu asyryň 30-njy
ýyllarynda göz üçin döredilen formal goşuny bolsa wagty gelende ýok etdiler.
Gadymy Hywa döwleti türkmenleriň bilelikde guran döwletidi. Şol döwletde özbekler
esasan ýurduň hojalygy bilen meşgullansalar, türkmenler söweşjeň halk hökmünde
döwletiň goşunyny düzüp, ýurdy goraýardylar. Buhara emirliginde hem türkmenlere
düşýän paý döwleti goramak borjudy. Indi nähili? Esgerlige diýip alnanlarynyň hem
hemmesi diýen ýaly gurluşyk batalonlaryna düşüp mugtyna jaý salyp berýärler. Iki ýyl
gulluk edip, awtomaty eline almadyklary hem az däl.
www.ertir.com/kitaphana
29
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Seljuklar döwrüniň, Jelaletdin zamanynyň ýaraglaryny aýtmanymyzda-da hat-da
uky döwri diýilýän geçen asyrda-da Japarguly handan olja alnan ýeke topumyz bar
eken. Indi ol-a baýaky, hatda dürli bahanalar bilen ýygnalyp gelmelerden soň aw
tüpeňlerem ýek-tük türkmende galdy. Eger sowuk ýarag hökmünde atlandyrmaly
bolýan bolsa, onuň öýünde aýalynyň unaş kesýän gezligi galdy. 1921一33-nji
ýyllardaky azat ediş hereketlerinden soň türkmeniň öwürlip ata çykmagyndan heder
edilip, onuň dünýä belli garçgaý atlarynyň kastyna çykyldy, teblehanalar ýumruldy.
Kempir gyraty ogurlansoň, Agaýunusyň «Görogly, atyň bolmasa sen kimsiň?»
diýenini ýada salalyň. Atyndan, düýrme gylyjyndan aýrylyp türkmen hem hiç kim
bolup galdy. Bir mahallar jyza parladyp baran türkmen begleriniň we begzadalarynyň
nazarlaryny roýlarynda egläp bilseler, pars zybanlary, arap näzeninleri, ala gözli
bulgur arwatlary özlerini bagtly saýar eken, olara meý süzüp berseler armanlary ýok
eken. Şol är nepesi bilen dörän demir donly, bedew atly türkmenler indi
boýunlaryndan bedibagt partuklary asan, pagta meýdanlarynda omadaklaşyp,
haltyldaşyp ýören mysapyrlara öwrüldiler. Nämemiş, Ýewropa aýallarynyň
zerurlyklary üçin pamyklyk pagta öndürmelimiş. Plan dolmalymyş. Her hal, lapykeç
pagta bolmalyň. Biz gaty hudaý gargan halk däldiris一ozal şöhratly goşunlarymyz
bolupdyr dälmi, ner döllerinden ýene-de ner dörär. Türkmen aýallary ozaly bilen
dünýä belli halylary dokap bilýänligi bilen däl-de, eýsem meşhur serkerdeleri, garadan
gaýtmaz batyrlary dogrup berýändigi bilen tanalýardy. Olar ýene bize generallary,
marşallary dogrup berer. Biziň ýene uly gorag goşunlarymyz bolar. Goşunyň
döredilmeginiň zerurdygy baradaky netije prezidentlik baradaky kanundan hem gelip
çykýar. Onda Prezidentiň şol bir wagtyň özünde ýokary baş komanduýuşidigi hem
nygtalýar. Diýmek, respublikada prezident baş komaduýuşilik hem etmeli.
«Biziň territoriýamyz gaty uly, özbaşdak bolsak onuň serhetlerini gormaga-da adam
ýetmez» diýip ýörenleri bilýän. Jogap berýän. Eýsem Türkmenistanyňka garanyňda
meýdany 3 esseden gowrak uly, emma ilaty 2 esse az Mongoliýa (1566,5 müň km2,
1940 müň adam) serhetlerini gorap bilýärkä, biz gorap bilmerismi? Mongoliýanyň
takmynan 15 müň km. uzynlykdaky serhedi bar bolsa, biziň uzynlygy 4,5 müň. km.
çemesi serhedimiz bar. Diýmek, serhediň her kilometrine 4一5 adamdan gerek
diýenimizde-de, (geljekde uly serhet goragynyň zerur bolmazlygy hem mümkin) bize
takmynan 20一25 müň serhetçi gerek. Şunça güýji tapyp bilerismi? Elbetde, artygy
bilen. Häzir bizde ýylda 60 müň çemesi oglan dünýä inýär. Diýmek, ýaşlary ýetip,
olara bir ýyllyk gulluga alnanda takmynan 55 müň adamlyk goşunymyz bolar. Gulluk
möhleti häzirki sistemadaky ýaly 2 ýyllyk edilse, goşunda takmynan 110 müň adam
jemlener. Şunça goşunyň harajatyny çekmäge ykdysadyýetimiziň gurby çatarmy?
Gürrüňsiz. Goşun üçin häzir ABŞ-da milli girdejiniň 6 prosenti SSSR-de bolsa
dünýäde ýokary görkeziji bolan 25 prosent milli girdeji sarp edilýär. Biz hatda goşuna
www.ertir.com/kitaphana
30
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
milli gordejiniň 25 däl, 30 prosentini berenimizde-de, galan 70 prosentiň hasabyna
häzirkimizden ençeme esse gowy ýaşaýrys.
Iki agyz söz döwletiň formasy hakynda. Aslynda döwlet nämeden gelip
çykypdyr? Marksizm bize döwlet ekspluatotor synpyň ekspluatirleýän synpyň
üstünden agalyk etmegi üçin döredilen gural diýip düşündirýär. Kommunistleriň
pikirine görä entek synplar barka, döwletem bolar. Synplaryň ýok bolup gitmegi bilen
döwlet hem ýok bolup gider. Ýöne, Sokrat, Gobbs, Spinoza, Lokk, Russo ýaly döwlet,
döwlet gurluşy boýunça akyldarlaryň taglymatyna görä, döwlet ilkibaşda tebigy
ýagdaýda ýaşaýan, adamlaryň öz howpsuzlygyny, hususy eýeçiligini, şahsy
hukuklaryny goramak üçin özara gelen ylalaşyklaryndan emele gelýär. Eger biz
geljekgi garaşsyz döwletiň hukuk döwleti bolmagyny isleýän bolsak, häzirki zaman
siwilizasiýasyna il bolup gatyşmakçy bolsak, onda döwletiň adamlaryň baglaşýan
şertnamasy esasynda gelip çykýandygyny düşündirýän taglymata eýermelidiris.
Eýermesek, «hukuk döwleti», «halkara abraý» diýip näçe gygyrsak-da gury bogaz
ýyrtanymyz galar. Diňe şundan soň döwletiň demokratiýa (häkimiýetiň halkyň elinde
bolmagy), oligarhiýa (häkimýetiň adamlaryň belli bir toparynda jemlenmegi),
monarhiýa (häkimýetiň bir adamda jemlenmegi), konstitusiýon monarhiýa (monarhyň
hukuklarynyň parlament tarapyndan çäklendirmegi) we ş.m. formalarynyň içinden
özümize ýaramlysyny saýlap bileris. Türkmen halky demokratik halk. Demokratiklik
onuň ýaşaýyş obrazlarynda çuňňur kök urup ýatyr. Şonuň üçin demokratik gurluş
biziň tebigatymyza laýyk geljek. Ýöne maşynyň nurbatsyz bolmaýşy ýaly şol
demokratiýanyň hem nurbatlysy gerek. Gep türkmeniň ýüregini göterjek şol
nurbatlaryň gereginden artyk gataldylmazlygyndan we gowşadylmazlygynda.
Ine, şulardan soň jemgyýetiň magaryf, medeniýet, howpsuzlygy goraýyş... ýaly
sferalarynda işi, hatda öz türkmen pulumyzy zikgeläp çykarmak ýaly işi hem ýola
goýmak gaty kyn bolmasa gerek. Çünki, garaşsyz döwlet gurmak üçin häzir
türkmende uly mümkinçilikler bar. Diňe bir zat az, «Döwlet guşy başyma gonsun»
diýen ýeterlik beýik milleti niýeti we şol niýete gol ýapýan beýik milli yhlasy az. Şoňa
görä-de türkmene «Ukyda ýatan halk» diýen kemsidiji at berlip gelinýär.
KONFEDERASIÝA
Soýuza girmelimi, girmeli däl? Referendum golaýladygyça bir zat barha aýan
bolýar. Garaşsyz döwlet bolsak biz totalitar soýuzdaky durmuşymyzdan ençeme esse
gowy ýaşajak. Munuň şeýledigine dünýä bazarynyň gözi bilen Türkmenistanyň sosialykdysady mümkinçilikleri boýunça yönekeýje hasap geçireniňde-de, şu asyrda
garaşsyzlyk alan ýurtlaryň biriniň hem öňki durmuşyndan erbet ýaşamaýanlygy-da,
Singapur, Kuweýt, Günorta Koreýa ýaly öňki yza galak ýurtlaryň bolsa ýaşaýyş
www.ertir.com/kitaphana
31
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
derejeleri boýunça dünýäde iň öňdäki orunlara çykanlygyda görkezýär.
Eýsem täzelenen soýuzda köne soýuzdaky bilen deňeşdireniňde näçe esse gowy
ýaşaýarkak? Ine, bular welin, belli däl. Şonuň üçin hem köne hem täzelenjek soýuz
barada iki agyz aýdasyň gelýär.
Lenin «aýratyn alnan ýurtda sosializmiň ýeňmeginiň mümkindigini» açypdy.
Kommunustleriň Serdary bilen eňekleşmek meýlim ýok, ýöne şu jümläniň ortasynda
«hem-de aýratyn tebigy baýlyklary we aragy bar bolan ýurtda» diýen jümläni goşan
bolsa, megerem jüpüne düşerdi. Çünki biz 70 ýylyň içinde ýakasynda M.
Gorbaçýowyň hem Belorussiýada aýdyşy ýaly, esasan, tebigy baýlyklaryň we arak
satmagyň hasabyna ýaşadyk. 70 ýylyň içinde hem birmahalky nebit nagmaly
Azerbeýjany şirin nagmasyndan kesdik diýen ýaly, ümmülmez Sibiriň ummasyz
baýlygyny taňkyratmaň bäri ýanyna getirdik, oňa görä çaklaň Türkmenistanyňam
ýerastynyň deň ýarysyny boşatdyk. Rast, köne soýuz ýeri emip ýaşan bolsa, täzelenen
soýuz emip ýaşajakga? «Zähmeti intensifikasiýalaşdyrmagyň, bazar ykdysadyýetine
geçmegiň hasabyna» diýýäňizmi? Ol diýilýänini etmek dilde aňsat birem Iwan
duraçok hakdaky ertekilerde. Dilde aýdylýanlar bolaýýan bolsa biz bu wagta
Hruşewiň wada beren kommunizminde sykylyk atyp ýörmelidik. 85-den soňky
wadalaram biten bolsa, bu wagta çenli jaýsyzlarymyzyň deň ýarsy jaýly bolmalydy.
Diýmek, öňe real göz bilen garasak, bäri-bärde aňsat intensifikasiýaň hem geregi hem
bolmaz, öňümi leýs edip duran bazar ykdysadyýetiňem. Diýmek, ýene-de tebigy
baýlyklaryň hasabyna ýaşamaly bolýarys. Şeýlelikde, Sibiriň baýlygy gutaraňkyrlan
bolsa, ojagaz galanam uzakda, almasy kyn ýerde ýerleşýän bolsa, dişinde et galan
soýuz esasy ünsi golaý ýerde diýip Türkmenistana bermezmi? Diýmek, häzir 88 mlrd.
m3 möçberde çykarylýan gazyň derejesi «internasional borç» diýip 150 mlrd, kub
metre eltilmezmi? Göz dikip oturan ýekeje esasy dikrarymyzy ýene 5一10 ýyldan
taňkyratmazlarmy? Onsoň biz kime gerek borus. Hiç kime? Ynha, muňa üýtgedip
gurmak döwrüniň elinje fakty. SSSR-i ykdysady we sosial taýdan ösdürmegiň 1986一
90-njy ýyllar we 2000-nji ýyla çenli döwür üçin esasy ugurlarynda «Orta Aziýada
nebit we gaz boýunça geolog razwedka işleriniň alnyp barlyşyny çaltlandyrmaly»
diýlen wezipe goýulýar. Üstesine-de ol gazyň 1000 kub metrini hümmetsiz 34
manatdan äkitseler nädip bor? 34 manada häzir bazarda bir dollar berenoklar. Gazyň
1000 kub metriniň öňki bahasy 6 manada bolsa 70-nji ýyllarda, 80-nji ýyllaryň
başynda bir dollar berýärdiler. Diýmek, gazyň bahasy bizi aldaýyşlary ýaly
ýokarlandyrmandyr-da, eýsem aşaklapdyr. Pagtanyň bahasyny 1 manatdan 3 manada
çenli, ýagny 3 esse galdyrdylar diýip heşelle kakýarys. Emma islendik tikin fabrigine
baragada olara ozal metri 2 manatdan 60 köpükden gelýän manatyň indi 9 manat 60
köpükden, ýagny 4 essä golaý gymmat bahadan gelýändigini biljek bolamzok. Täze
soýuzda beýle it biçen söwdalaryň bolmajagyna kim kepil geçip biler. Hiç kim.
www.ertir.com/kitaphana
32
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Baryp 60-njy ýyllarda S. Hruşew Türkmenistana gelende: «Jojugam mekejini kyrk
günläp emýär. Siz türkmenler bolsa Soýuzy kyrk ýyldan köp wagtlap emip
gelýärsiňiz» diýipdi hem-de yssylyk koeffisiýentini aýrypdy. 1988-nji ýylda
Türkmenistana gelen Birýukowada şu äheňde gürläpdi. Häzir soýuzda bize «3 mlrd.
manatlyk öňümi alýaňyz, 2,5 mlrd. manatlyk berýärler. Meniň häzirki dünýä bahalary
esasynda eden ýönekeýräk takmyny hasabyna görä bolsa, biz her ýylda 2 mlrd. dollar
töweregi haryt alýarys, 10 mlrd. dollardan gowrak harydy bolsa berýäris. Şu 10 mlrd.
dollaryň 9 mlrd. dollaryny bary-ýogy 30一40 müň gazçynyň, nebitçiniň çykarýan
önüminiň hasabyna berýäris. Diýmek, tebigy baýlyklary ýok respublikalar öz
çykarýan aýakgaplary, maýkalary... bilen nädenlerinde-de şu 9 mlrd. dollaryň yzyndan
ýetip bilmezler. Has takygy, olar 2一3 mlrd. dollardan kän öňümi soýuza berýän däl
bolmaly. Bu ýerden şeýle netije çykýar. Bary-ýogy 3,6 million ilaty bolan
Türkmenistanyň soýuz gapjygyna ýylda berýän harydy (10 mlrd. dollardan gowrak)
Ermenistan, Gruziýa, Moldawiýa, Gyrgyzystan ýaly respublikalaryň bilelikde berýän
harytlaryndan köpdür. Ine-de, paradoks. Biz soýuzdan her ýyl 8 mlrd. dollarlyk öňümi
az alanymyz beýle-de dursun, hatda 15 respublikanyň islendiginden harydy kem alyp
geldik. Meselem 1987-nji ýylyň ýeňil awtomobil paýlaşygynda ilatynyň sany 3455
müň adam bolan Türkmenistan ýeňil maşynlaryň 11,1 müňüsini alypdyr. Ýagny, her
311 adamsyna 1 maşyndan düşüpdir. Emma şol ýyl 3459 müň ilaty bolan
Ermenistanyň alan ýeňil maşynlarynyň sany 28,8 müňe barabar, ýagny her 120
adamsyna 1 maşyndan düşüpdir. Gepiň gysgasy, Türkmenistan Ermenistana
garanyňda ýeňil maşyny köp almakda Türkmenistandan kän ozdurypdyrlar. Özi hem
şu kemsitmeli paýlanyş onýyllyklaryň dowamynda her ýyl gaýtalanyp gelýär. Eýsem,
täzelenen soýuzymyzda hakymyzy müňlerçe gidermenleriň arasyndan mysal alnan
hatda şujagaz ýaly «haky iýmeler» bolmazmyka? «Bolmaz diýip, hiç kim kesgin
aýdyp bilmez. Menem bolmajagyna ynanamok. Iň esasy hem, täzelenen soýuzda häzir
gazandyk diýýän özygtyýarlygymyzdan, özbaşdaklygymyzdan hem uzagyndan derek
galmaz, ýene köne gün başymyza inermikä öýdýän. Näme üçin? Sebäbi täze soýuz
hem ýene köne soýuzyň modelinde一bitewi döwlet statusly soýuz hökmünde guraljak
bolunýar. Bir gazanda iki goçuň kellesi gaýnamaz. Eger soýuz ýene döwlet statusly
bolsa, onda respublikalaryň aldyk diýýän özbaşdak döwlet statusy diňe kagyz
yüzündäki bir zat bolup galar. Demokrat Gorbaçýewiň ýerine demokrat däl ýolbaşçy
gelen halatynda ol elindäki goşunyna, howpsuzlyk komitetlerine daýanyp, ojagaz
kagyz ýüzündäki statusjygyňy hem islän güni köneki hojalyk we syýasy sistemany
dikeldip biler. Ine, şonuň üçin hem «Soýuzda ýaşajak» diýip, beýle böwregimiz büküp
duran bolsa, biz döwlet statusy bolan soýuza däl-de, eýsem döwlet statusy bolmadyk
konfedeşigine girmeli. Konfederasiýanyň şertlerinde elimizde öz goşunymyz, ýeke täk kanunymyz bar bolan döwlet bolup otyrkak, hiç kim ne hojalyk, ne syýasy taýdan
www.ertir.com/kitaphana
33
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
deňdi deňhukuksyzlyk syýasaty ýörediläýjek bolunsa, biz hiç minnet çekip oturman,
konfederasiýadan
çykyp
bileris.
Eger konfederasiýa hem göwünjeň bolnup durulmasa, onda ikirjiňlenmän, Gruziýa,
Pribaltika respublikalary ýaly doly garaşsyzlyga batly gadam urup gitmeli. Munuň özi
türkmen halkynyň irde-giçde ýerine ýetirmeli missiýasyna一garaşsyz Döwlet gurmak
missiýasyna
hem
doly
gabat
gelýär.
Türkmen halky, il-ulusym. Ine, men sesim her näçe kiçijik hem bolsa, şular barada
«ümsüm oturmazlygy» müwessa bildim. Belki, «Jahan giňdir, çendan bilende
bardyr».!
1991-nji ýylyň fewraly一marty.
www.ertir.com/kitaphana
34
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
TÜRKMEN ÖÝ-PIKIRLERI (ses berilşik)
Meniň pikirimçe makala 15一20 gün dagy gijiräk çap edildi. Bähbit bola...
Täçgeldi öz halkyna irde-giçde aýtamly zadyny aýdaýdy öýdýän...
(Agajan Amanow一Murgap raýony)
***
Žurnalist Gutlyýew «Soýuz hem garaşsyzlyk makalasynda一«Meniň sesim her
näçe kiçijik bolsa-da» diýip ýazsa-da, men oňa sesiniň örän belentdigini, bütin
türkmen iline ýaň salýandygyny, özübiňem atan okuny nyşana dogry urýandygyny uly
höwes bilen buşlaýary
(A. Begjikow一Sakarçäge raýony)
***
Men köp adamlar bilen gürrüňdeş bolýaryn. Gutlyýewiň ýazýan makalalary
olaryň içki dünýäsinde «rewolýusiýanyň» döremegine ýardam edýär. Içki dünýäde
«rewolýusiýa» amala aşsa, durmuşda hem hökman özgerişlik bolar
(Bazar Berdimyradow一Sakarçäge raýony)
***
«Soýuz hem garaşsyzlyk» diýen makalany okap, örän gaharym geldi. Bu
makalany çap etmelem däl ekeniňiz. Onda bir topar warsaky, bolmajak zatlar
ýazylypdyr. Gutlyýewiň öz elinden-ä hiç zat geljek däl. Söz bilen bolsa dünýäni aljak.
Ol türkmen halkyny ýene-de garyplyga, gedaýlyga, tozgunlyga çagyrýar. Men 1917nji ýyla çenli türkmen halkynyň nähili agyr durmuşda ýaşandygynyň janly şaýady.
Baýlaryň, ýerli hanlaryň halkymyzy nähili horlanlygy ýadymdan hiç çykanok. Biziň
halkymyz Lenin partiýasynyň ýolbaşçylygynda sowatly, medeniýetli, senagatly bolup
ýaşap başlady. Ozal öýümizde çyra, peç, pol-potolok, aýna ýaly zatlar ýokdy. Häzirki
wagtda obalarymyz şähere öwrüldi. Öýlerimizde, köçelerimizde Iliç çyralary
ýalpyldap dur.
Durmuşy bilmezden kagyzyň ýüzünde halkymyza ters ýol görkezýän adamy hiç
kim gowy görmese gerek. Biz agzybirligimizi bozjak bolýan adama ýol berip bilmeris
(S. Rahymow一Hojambaz raýony)
***
www.ertir.com/kitaphana
35
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
Hakykatdan hem, stalinçylyk eden-etdilige çydaman adamlaryň ata çykmagy,
oba-oba bolup goňşy döwletlere gitmegi diňe «halk» gozgalaňydyr». Emma nebsimiz
agyrsada, bu herekete «basmaçylyk» diýen tagma basyldy. Belki, taryhçy alymlar öz
pikirlerini aýdarlar.
Makalada Budýonnynyň buýrugy boýunça garagumdaky käbir obalaryň
aeroplandan oka tutulandygy hakynda agzalýar. Men bilýän bir zadymy aýtmakçy. Şol
ganly ýyllaryň birine Owganystanda oba bolup göçüp barýan türkmenleriň başyny
Tagatabazaryň golaýyndaky Ýeroýlanduz diýen ýerde gabaýarlar hem-de aeroplandan
pulemýot okuna tutup gyrýarlar.
Şol ýerlerde çopanlar, awçylar ençeme ýyllaryň dowamynda uly adamlaryň,
çaga-çugalaryň süňklerine, aýallaryň şaý-seplerine gabat gelipdirler.
(Anna Artykgulyýew一Mary şäheri)
***
Meni iňlisli mesele günüme goýmady. Men T. Gutlyýewiň iňlis koloniýasy
bolmak baradaky hyýal ýüwürtmelerini goldamaýaryn. Dünýä belli hindi ýazyjysy
Rabindranat Tagoryň «Egede Hindi okeanynyň suwlary syýa bolan bolsady, şonda-da
iňlisleriň hindi taryhynda eden jenaýatçylyklaryny ýazmaga azlyk ederdi» diýen
sözlerini unutmazlygymyz gerek.
Emma iňlis we rus dilleri barada aýdanda men T. Gutlyýewiň pikirini goldaýan.
Iňlis dili millet dilinden dünýä diline öwrülen dil. Iňlis dilini bilseň, dünýäniň islendik
ýurdunda diýen ýaly gepleşip, söwda edip, günüňi görüp bolýar.
Näme, hemme türkmene hem rus, hem iňlis, hem arap, hem pars dilini dilini
öwredip olary lingwist alym ýa mugallym etjekmi? Galyberse-de, iki-üç dil
öwrenäýmek aňsat işmi? Meniň pikirimçe, iňlis diline geçilse, türkmen diňe utar. Bu
ýerde iňlis diliniň köp babatlarda türkmen elipbisine kybapdaş gelýändigi,
öwrenmegiň rus diline garanyňda ýeňildigi barada aýdyp oturmaýyn. Iňlis dili
Soýuzyň milli respublikalarynda ýaşaýan 100-den gowrak milletdir halkyýetleri öz
ýurtlarynda ruslar bilen deňleşdirip bilerdi. Rus dilinde öz pikirini oňat beýan edip
bilmeýän türkmene, özbege ýa-da gazaga haýsydyr bir ýetmezçilikli, nogsanly adam
hökmünde depesinden «rehimdarlyk» bilen ýyrşaryp serederismi. Hut Çärjew
şäherinde şeýle psihologiýa bilen ömrüni geçirip barýan onlarça rus intelligensiýasyny
ýakyndan tanaýan.
(Rozyguly
Jumagulyýew一filosofiýa
ylymlarynyň
kandidaty)
***
Men 25 ýaşymda. Men öz çagalarymyň erkin Türkmenistanda ýaşamaklaryny
www.ertir.com/kitaphana
36
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
isleýärin. Eger gerek bolsa men Türkmeniň dikelmegi üçin janymy bermäge hem
taýýar. Men türkmeniň öz milli baýdagy bilen, dünýädäki garaşsyz ýurtlaryň içinde öz
ornuny eýelemegini arzuw edýärin. Haçana çenli biz özümizi egsik tutup, özümizi
oňarman, eňkimizi agdaryp ýörmeli? Näme üçin biz özümizi dolandyryp bilmeli däl.
Haçana çenli biz özbaşdak döwlet bolsak açlykda, horlanarys diýip gorkuzyp gezmeli.
Aç ölsegem erkinlikde, garaşsyzlykda ölsek o dünýä aramansyz giderdik.
Türkmen halkym, boýnuňy galdyr, daş-töweregiňe ser sal, kim näme işleýär?
(Gylyçmyrat Hallyýew一Gökdepe raýony)
***
Oba ýaşulylary bolup şu ýylyň 14-nji aprel güni, ýagny «Remezan» baýramy
bellenilýän güni uly geňeş geçirdik. Şol geňeşde bar bolan 47 adamyň 45-si
garaşsyzlygy, şu aşakdakylary ikelläp goldady. 2 adam saklandy. Garşy bolan ýok.
Indi söz Täçgeldi Gutlyýew barada. Biz onuň «Ýaş komda» çykan makalalarynyň
hemmesini-de uly gyzyklanma bilen okaýarys. Okap ýetişmediklere-de gürrüň
berýäris. Şeýle bir hakykata bap gelýän, durmuşyň içinden eriş-argaç bolup geçýän
makalalary ýazyp, biziň gözümizi açany üçin Täçgeldä-de, onuň sözüni ile ýetirýän
«Ýaşkoma-da» uly minnetdarlygymyzy aýdyp, ýagşy dilegler edýäris, ak pata
berýäris.
Alla ýaryň bolsun, Täçgeldi!
(Awçy obasynyň ýaşulularynyň geňeşde aýdanlaryny kagyza geçiren
Baba Jumak ogly一Saýat raýonynyň awçy obasy)
***
T. Gutlyýewiň «it biçen söwdalara» «bes» diýmeli» diýenine doly goşulýaryn.
Maşyn barada. Ilat sany deňeçerräk bolmagyna garamazdan Ermenistan
Türkmenistandan ýylda 17 müňden gowrak maşyny köp alypdyr. Şu işde jogapkär
adamlardan berk hasabat soramaly?
(Amanmyrat Ataýew一Murgap raýony)
***
Gutlyýewiň biziň baýlyklarymyzyň arzysynyň ýoklugy barada aýdýan zatlaryny
ikelläp goldasyň gelýär. Arzyly zadymyzy ile berip, arzysyz edýäris. Şulardan görnüşi
ýaly, özümiziň bahamyzyň aşak düşmeginde özümiziň ýazygymyz az däl. Käwagt öz
baýlygymyzyň ujundan bölünip berlen ujypsyzja zada-da ölmez ödi saňa-da goýaly»
www.ertir.com/kitaphana
37
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
diýip aýdýan adama garalyşy ýaly garamalyň ahbetin.
(Amanberdi Rejepow一Taryh ylymlarynyň kandidaty)
***
Haýp, makala referendumdan 10一15 gün öň çap edilmeli eken.
Milletiň agramly böleginiň otnositel bisowatlygy, köpümizde gulçulyk
psihologiýasynyň barlygy gizlin zat däl. «Biz özbaşdak bolsak günümizi görüp
bilmeris» diýýänlere T. Gutlyýewi diňläp, birazajyk pikirleniň diýesim gelýär.
(Orazgeldi Akyýew一mugallym, Halaç raýony)
***
Täçgeldi Gutlyýewiň bu işinde wawwaly meseleleriň üstünde çuňňur durlup,
türkmen halkynyň koloniýal bolup, Patyşa Russiýasynyň girdabyna düşmegi, totolitar
režim döwründäki nogsanlyklar, Türkmenistanyň çig mallarynyň gözgyny ýagdaýda
talanyşy, ykdysady meseleleri giňden öwrenilipdir. Diňe bir öwrenmek bilen hem
çäklenmän, awtor ondan gerekli netijeler çykaryp, degişli teklip etmegi hem
başarypdyr. Galyberse-de, işde stalinçylyk we durgunlyk döwründe türkmen halkynyň
wekilleri repressiýa düşmekligi we başga bir böleginiň bolsa öz diýaryndan jyda
düşüp, köp horluklara sezewar boluşlary, birin-birin beýan edilýär. Işde käbir jedelli
ýerleri bar, elbetde, ol awtoryň öz işi.
(K. Muhammetberdiýew一taryh ylymlarynyň doktory, professor Ýa.
Orazgylyjow一taryh ylymlarynyň doktory. O. Ekäýew一taryh ylymlarynyň
kandidaty)
***
Gökdepe galasynda garylan neresse çagalara, naçarlara, goç ogullara, dana
gojalara, rewolýusiýadan soň baý-kulak, işan-molla diýip, 37一38-de «halk duşmany»
diýlip nähak töhmet bilen atylanlara, Sibirde doňdurylanlara, ata Watany mejbury
taşlap gözi ýaşly ýat illere düşenlere, unudylan taryhymyza we ebedi mirasymyza,
ýumrulan metjitlere, awa eýlenip zeý aldyrylan mähriban topraga, zowalsyz talanan
ýer asty, ýer üsti baýlyklarymyza we ýene-ýenelere ýürek aglaýar.
(A.Hojamämmedow, B Amanlykow, B Annaýew, Ýo. Ýowbagşyýew, J.
Hommadow. Gökdepe raýonyndaky 6-njy orta mekdebiň mugallymlary)
www.ertir.com/kitaphana
38
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
TÜRKMENLERIŇ TIRSEGINE GALMAGY
Bu kitap 2015-nji ýylda e-kitap görnüşinde Türkmenistanyň Galkynyş hem
Bagtyýarlyk eýýamynda täzeden çap edildi.
Bu kitapda Täçgeldi Gutlyýew özüniň giň düşünjeliligi bilen türkmen halkyny,
tutuş Türkmenistany Sowet Soýuzdan aýrylmaga bolan çagyryşyny beýan edipdir.
Bulardan başga-da Türkmen halkynyň geçmişi mirasyny, şan-şöhratly eýýamlaryny,
guran döwletlerini, medeniýetlerini we onuň synyşy täzeden tirseklerine galmaga
edilen synanyşyklary hakynda, ýurdumyzyň baýlyklaryny damar gany deýin soran
Sowet soýuzyň jenaýatçylyklary hakynda giňden aýdyp geçilýär.
www.ertir.com/kitaphana
39
SOÝUZ HEM GARAŞSYZLYK T.Gutlyýew
MAZMUNY
Ikinji gezek bökmelimi?
Kolonializmiň terjimehaly
Arabasy jygyldaýan Soýuz
Gulaty saýasy
Imperiýa we Hatapgala
Ilkinji milli komitet
Jüneýt hanyň döwleti
Türkmensähra respublikasy
Türkmen binasy
Milli goşun döretmeli
Konfederasiýa
Türkmen oý-pikirleri (ses berilşik)
Türkmenleriň tirsegine galmagy
www.ertir.com/kitaphana
40

Benzer belgeler