VIII- „Nusaŷdan tapylan ŷazuwlar“

Transkript

VIII- „Nusaŷdan tapylan ŷazuwlar“
1
2
3
Içindäkiler
Giriş:
4-6
I -Irki Türkmenistan-Mezopotamýa gatnaşygy: 7-30
(Neolit we Eneolit asyrlary)
II -Änew-Altyndepe nedeniýetiniň dowamy:
31-55
(Bürünç asyry)
III -Türkmenistanyň demir asyry we Sak (iskit) taýpa
birliginiň ýüze çykmagy:
56-62
IV -Saklaryň etniki aýratynlyklary we häzirki halklar
bilen garyndaşlyk meselesi:
63-97
V -Sak-Mad(Midia) gatnaşygy:
98-104
VI -Saklaryň yzy Türkmenistanda we Türkmen
halkynyň etnik düzüminde:
105-137
A- Tire-taýpa atlary
(107-119)
B- Ynsan we ýer-ýurt atlary (119-137)
VII -Beýik Ärsaklar(Parfiýa, Part) döwletiniň ýüze
çykmagy we ony esaslandyran Taýpalar: 138-213
APart(Parfiýa) döwrüni öwrenmek näme
üçin kyn
(138-1147)
BPart döwriniň öwreniliş prosesi
(147-152)
Ärsaklar döwletiniň gurulyşy we ony
guran ata-babalarymyz hakda (152-213)
c-
VIII -„Nusaŷdan tapylan ŷazuwlar“
(Partlaryň kimligine ŷene bir subutnama)
Edebiýat:
Giriş:
214-245
246-2484
4
Birinji kitabymyzda biz, Änew we Altyndepe
medeniyeti
bilen
Mezopotamýa
medeniýetiniñ
arasyndaky
gatnaşyklary,
hatda
„Mezopotamýa
medeniýeti Änew medeniýetiniñ özboluşly dowamydyr“
diýmek üçin ylmy esaslaryñ barlygy hakynda ylmy
çeşmelere salgylanmak bilen gürrüñ edipdik. Munuñ iñ
esasy delili hökmünde Mezopotamýa medeniýetini
döreden Sumerleriñ (dogrusy Sumerliler, emma
edebiýatda ýerleşeni üçin Sumerler görnüşi alyndy, B.
G.) dili bilen Türkmen diliniñ arasynda kökünüñ
birligini subut edýän ylmy delilleriñ barlygyny dünýäniñ
tanymal sumerologlarynyñ işlerine daýanmak arkaly
görkezipdik.
Biziñ eýyamymyzdan ozalky 4-nji müñ ýyldan
geologik şertleriñ degişip howanyñ gyzmagy hem
guraklaşmagy netijesinde Garagum çöli döräp ulalmagy
(üstesine-de belki ilat sanynyñ gaty köpelmegi) zerarly,
Günorta Türkmenistanda medeniýet döreden ilatyñ uly
topary oba we şäherlerini taşlap, ýaşamaga ýaramly bol
suwly ýurtlara göçüp gitmäge mejbur bolýarlar.
Netijede, Änew medeniýeti synýar we bu göçüp giden
ata-babalarymyz
özleriniñ
göçüp
baran
täze
ýurtlarynda, şol sanda Mezopotamýada öñki gazanan
tejribelerinden
peýdalanmak
arkaly
has
ösen
medeniýetiñ düýbüni tutýarlar.
B. e. o. 4-nji müñýyllykdan başlab, tebigy
şertleriñ üýtgemegi netijesinde, howanynyñ yssylygydyr
guraklygy artyp Garagum çöiüniñ ýüze çykmagy (belkide ilat sanynyñ köpelmegi) zerarly, Günorta
Türkmenistanda uly medeniýet döreden ynsanlaryñ uly
bölegi, ýurtlaryny terk edipş bol suwly Mezopotamýa
çenli göçüp gitmäge mejbur bolupdyrlar. Ynha, şol
ynsanlar öz ata watanlarynda gazanan uly bilim hem
5
tejribelerinden peýdalanmak arkaly, adamzat taryhynyñ
iñ beýik gadymy medeniýeti bolan „Sumer“
medeniýetiniñ düýbüni tutupdyrlar.
Ata watanlarynda galanlar bolsa, esasan
Altyndepede bronz döwrine degişli parlak medeniýetini,
häzirki
Murgap
derýasynyñ
köne
akymynyñ
aýaklaryndaky mes toprakly ýerlerde bolsa (şonuñ ýaly
hem Bakteriýada) kä alymlaryñ tarapyndan Marguş
medeniýeti ady bilen tanalýan, ösen „Mary“
medeniýetini, öñki medeniýetiñ dowamy hökmünde
döredip ösdürýärler.
Soñky ýyllarda, ylaýta-da ata-watanymyzyñ
gaýtadan öz garaşsyzlygyna gowuşmagyndan soñ,
Türkmenistanyñ we birnäçe beýleki döwletleriñ
arheloglarynyñ bilelikde alyp baran örän gymmatly
ylmy işleriniñ netijesinde iññän gadymy watanymyzyñ 8
müñ ýyldan agdyk taryhy has hem aýdyñlaşdy.
Bu kitabyñ
temasy Parfiýa (Part,Ärsaklar,
Parlar) döwletine degişli bolsa-da, ýene bir gezek Änew
medeniýetini we onuñ dünýäniñ beýleki siwilizasýa
merkezleri bilen gatnaşygyny gözden geçirip, şonuñ ýaly
hem Änew medeniýeti bilen Ärsaklaryñ takmynan b.e.o.
247-njy ýylda düýbüni tutan medeniýetiñ arasyndaky
medeniýetler bilen gysgaça tanyş bolmagy, Parfiýa
(dogruragy Part ýa-da Ärsaklar/Ärşaklar döwleti, emma
türkmen okyjylaryna tanyş bolany üçin Parfiýa
görnüşini aldyk, B. G.)döwrüne giriş hökmünde zerur
tapdyk. Sebäbi biziñ pikrimizçe Parfiýa döwleti we
medeniyeti-de boşlukda, tötänden dörän ýa-da başga bir
ýerden gelen medeniýet bolman eýsem ol, beýleki käbir
medeniýetlerden hem täsir almak bilen bir wagtyñ
özünde, esasan has gadymy Jeýtun we Änew-Altyndepe
ýaly medeniýetleriñ kanuna laýyk dowamydyr.
6
Biz Türkmenistanyñ we türkmen milletiniñ
taryhyny iñ gadym zamanlardan başlap ýaşaýan
döwrimize çenli bir bütewy hem yzygiderlilikde ele
almalydyrys. Elbetde geçen asyryñ başlaryndan başlap
şu güne çenli, başda Amerikan Arheologi Rafael
Pompellynyñ topary bolmak bilen ençeme alymlaryñ
eden uly işleri, bu ugurda biziñ üçin örän gymmatly
çeşme hem tutaryk bolup hyzmat edýär. Emma biz bu
gymmatly materýallary, başda türkmen dili bolmak
bilen, türkmen medeniýetiniñ aýratynlyklary esasynda
dogry ýorup dogry baha berip bilmelidiris diýip
düşünýäris. Sebäbi türkmen bolmadyk alymlar bitiren
we bitirýän örän gymmatly işlerine garamazdan kä
zatlary görmän, yalñyşyrak baha berip ýa-da bir
türkmen üçin manyly zatlar olaryñ ünsüni çekmän hem
biler. Muny alymlaryñ özleri hem aç-açan aýdýarlar.
Mysal üçin, sumer dilini öwreniji uly Ýewropaly
alymlar: „Bu dil Indo-German dillerine degişli bolmany
üçin, ony okyjylarymyz öz ene dilleri bilen derñeseler
belki has gowy netije alyp bilerler”1 diýip ýazýarlar. Edil
şol alymlaryñ teklibi ýaly haçan-da biz Sumer dilini
türkmen dili bilen derñänimizde, bir giden
meñzeşliklerdir doly gabat gelmeleri görýäris. Ýene bir
mysal: haçan-da biz Herodotyñ Merkezi-Azýa baradaky
ýazanlaryny okanymyzda, heniz hem aramyzda ýaşap
ýören kä taýpalaryñ -Ýunan diliniñ aýratynlyklaryna
uýgunlykda- birazajyk ýoýulyp ýazylan atlaryny görüp
bilýäris. Emma olaryñ köpüsi ýewropaly alymlaryñ
ünsüni çekmändir. Bular barada biz öñki kitabymyzda
bolşy ýaly bu işimizde-de durup geçeris.
1
Mysal üçin seret: Hübner & Reizammer 1987, Inim Kiengi 3, s. III.
Marktredwitz
7
I- İrki Türkmenistan - Mezopotamýa
gatnaşyklary
(neolit we eneolit asyrlary, b. e. oz. V. we IV. müñýyllyk)
Bu bölümde Türkmenistanyñ iñ gadymy
medeniýetleri we onuñ dünýä ýaýraýşy hakynda, şu
güne çenli biziñ elimize düşen maglumatlar esasynda
gysgaça durup geçýäris:
Türkmenistanyñ taryhy ähmiýetini we onuñ
dünýä siwilizasýasyna goşan ägirt uly goşandyna göz
ýetirip ony ylym dünýäsine hödürlän, belki-de ilkinji
gezek Amerikan geolog alymy ;Rafael Pompelli;(18371923) bolandyr. Ol özünüñ yolbaşçylygyndaky
ekspedisiýa tarapyndan Änew hem Maryda 1904-nji
ýylda geçiren arheologik ylmy-barlaglarynyñ netijesinde
ýazylan kitaby 1908-nji ýylda Waşingtonda neşir
etdirýär. Bahasyna ýetip bolmajak bu gymmatly eserde
biziñ gadymy medeniýetimiz hakda (takmynan b.e.oz.
6,000 ýyldan başlap) örän çuñ maglumatlar bar, biz
aşakda öz temamyza degişli kä bölekleri bilen tanyş
bolýarys:
“ … Ol şulary añladýar, ýagny irki asyrlarda,
haçan-da medeni gatlagyñ 10 fut inlilikdäki aşaky bölegi
emele gelende adamlar diñe özleriniñ ýaşamaklary üçin
awlaýan ýabany haýwanlary bilen tanyş bolupdurlar.
Soñra bolsa ep-esli üýtgeşmeler bolup geçipdir. Şol
adamlar kuwwatly aziýa ýabany öküzi ( Bos namadicisi),
birneme soñrak bolsa aty, ýekegabany (doñuz) we
şahlary burum-burum dag goçunyñ tohumyndan bolan
iki sany goýny eldekileşdirilipdir. Meniñ pikrimçe bu
mallaryñ eldekileşdirilmegi howa şertleriniñ üýtgäp
duranlygy sebäpli belli bir derejede añsat bolan bolmagy
ahmaldyr, şol howa şertleriniñ üýtgemegi bolsa bir
8
mahalky ýabany haýwanlaryñ ägirt uly sürüsini
adamlar bilen goñşulykdaky dar jülgä gabapdyr…
Geliñ, bir pursat säginip, ýene-de bu medeni
döwre ser salalyñ. Şol döwriñ tamamlanmagy birnäçe
süñkler, süýekler bilen äşgär edilýär we onuñ
başlanmagy bolsa, çuñ toprak astyna gömlüp ýatandyr.
Biz bu ýerde gadymy döwürlerde iki müñ ýyl dowam
eden we Wawilonyñ hem-de Müsüriñ mälim bolan
medeni döwürlerinden hem gadymy bolan medeniýetiñ
şekiline duş gelýäris. Biz onda adaty oba durmuşyny
görýäris, şonda bolsa, zenanlar ik egirýärler, mata
dokoýarlar, däne ösdürüp ýetişdirýärler we el
degirmenlerinde uwn üweýärler, düýp goýulman ýeriñ
üstünden edilen ýörite peçlerde çörek bişirýärler.
Küýzegärler suwa ezilen toýny alyp, megerem, şonda
içinden doga okap, dürli tañsyk (keramiki) gap-gaçlary
ýasaýarlar, şol mahal beýlekiler boýag ýasaýarlar we
şonuñ bilen geçmişden miras galan nagyşlardyr şekilleri
salýarlar. Tekiz ýerlerde erkek adamlar ýeri işläp
bejerýärler, şol mahal bolsa beýleki adamlar otda
gyzdyrylan peýkamlary, ýerde gazylyp taýýarlanylan
güpbasdy çukurlary we gañyrçaklary peýdalanyp hemde daglyk ýerde dag goýunlaryny yzarlap, ýabany
haýwanlaryñ we atlaryñ sürüsini kowalap, aw
awlaýarlar.
Biz bu ýagdaýa hyýalymyzda ser salyp durkak,
asyrlar biziñ duşumyzdan geçip gidýär. Ine, şol gonalga
şeýle bir giñedi welin, jülgäniñ çäklerinden daşaryk hem
uzap gitdi. Alysdaky jülgede erkek adamlar gara
mallary, atlary we goýun sürülerini bakýarlar we
tokaýly dag jülgelerinde doñuz sürülerine esewan
edýärler. Ana, şunda biz bir mahallar jaýlanyp ýere
gömlen we bir mahallar unudylan adamlaryñ
şekillerinde öñler hakydamyza gelmedik adyl ýagdaýy –
9
adamlaryñ wagşylykdan medeniýetleşmäge tarap geçiş
ýagdaýyny görýäris. Biz adam tarapyndan ýerli
haýwanlaryñ
eldekileşdirilmeginiñ
başlanmagyny
görýäris we munuñ özi oña gadymy dünýäni düýpli
suratda özgertmäge mümkinçilik berýär…
Irki medeni döwürde ýaşap geçen adamlar
tarapyndan eldekileşdirilen haýwanlaryñ hatarynda
goýunitleri we geçini, aýratynam ;düýäni; goşmak bolar.
Eger olar tarapyndan ösdürülip ýetişdirilen atlar,
söweşlerdir ýörişler üçin ulanylan bolsa, düýe çöl bilen
ýanaşyk mesgen tutulan ýerlerde bahasyna ýetip
bolmajak
hyzmatlary
bitiripdir.
Şol
döwürde
eldekileşdirilen sygyrlar we goýunlaryñ şahsyz
görnüşleri hem bolupdyr. Bu medeni döwür
gurakçylygyñ gelmegi bilen tamamlanypdyr.”2
Soñ alym bu ajaýyp medeniýetiñ döwrüni hem
aýratynlyklaryny has anyklamak üçin sözüni şeýle
dowam etdirýär:
“ Bu babatda öñki sahypalarda aýdylanlardan
käbir möhüm netijeleri çykarmak bolar. Ýöne welin
turuwbaşdan degişli şertler hökmünde şular ýene-de
bellenip geçilse, göwnejay bolar.
Aziýada dänelik ekinleriñ ösdürilip ýetişdirilmegi
biziñ günlerimize çenli 8000-nji ýylda, Demirgazykdaky
gadymy depede (Änewde) iñ gadymy döwürlere degişli
bolan gonalga esaslandyrylýança ýüze çykaryldy. Gara
mallaryñ, doñuzlaryñ we goýunlaryñ hem-de, megerem,
atlaryñ eldekileşdirilmegi Änewde biziñ zamanamyza
çenli 8000-nji ýyl bilen 6000-nji ýyl aralygynda, ýagny
Demirgazykdaky
gadymy
depede
gonalga
esaslandyrylandan soñ tamamlanýar. Şunluk bilen,
Aziýada oba hojalyk bilen meşgullanylan döwürden öñ
2
Änewiñ Gadymy Ösüşi, Rafael Pumpelliniñ redaksiýasy bilen,
Aşgabat-2004, s. 29-33
10
çarwa ýagdaýynda maldarçylyk bilen meşgullanylan
döwri bolupdyr…
Eger ozalky öñe sürülen çaklama gowy
esaslandyrylan bolsa, biziñ mundan iñ irki Änew
medeniýetleriniñ
tapyndylarynyñ
arasynda
günbatardaky neolit medeniýetleri bilen çalymdaşlygy
tapmagymyz gelip çykýar, şeýle çalymdaşlyk günbatar
sebitlerden getirilmegiñ netijesi bolup bilmez. Eger olar
çalymdaş bolsalar, bu tapyndylara biziñ oazisimiziñ
ösmeginiñ netijesi hökmünde we soñra atlar
eldekileşdirilenden ýa-da atlaryñ we düýeleriñ uzak
aralyklary geçmegi mümkin etmeginden soñ, oazisiñ
çäklerinden daşary ýurtlara ýaýran hökmünde
garalmalydyr. Şuña meñzeş ýerli üstünliklere biz mis we
gurşun, dokma sungaty, öý haýwanlary, oba hojalygy,
ähtimal, toýun gap-gaçdaky bezeg sungaty babatdaky
bilimi degişli etmelidiris.
Biz Ýewraziýa yklymynda uly yklymiçi sebtiñ
emele gelendigini gördük. Biz onuñ döermeginiñ hakyky
ýagdaýlaryndan şeýle sebitler üçin özboluşly bolan
durmuş taryhynyñ belli bir ugrunda deslapdan
kesgitlenendigini gördük; organiki taýdan bitewi zat
hökmünde biz şol ugry buzly döwrüñ wagtlaýyn üýtgän
klimaty arkaly gutarnykly tozgunçylyga çenli görýäris.
Buzly döwrüñ we onuñ yklymiçi şertlere täsirine
laýyklykda şu ýörelgä biziñ adamyñ añ-düşünje we
durmuş taýdan ösüşinde başlangyç ýagdaýlar hökmünde
garamalydygymyzy men aýratyn nygtamagy halaýaryn.
Daş-töwerekden we entek wagşylygyñ haýal ösýän
tapgyrynda duran beýleki yklymlardan üzñeleşdirilen
Aziýany biz esasan, hemişe azalýan oazisleriñ ýaşaýşy
üçin ýaramly ýagdaýda aýrybaşgalanýan azlyk toparlar
üçin kem-kemden bölünýändigini we biz olarda bölünen,
ýöne düýpli baglanşykly bolan medeniýetleriñ ösüşini
11
göreris. Ahyrsoñunda özümiz üçin iñ möhümini biz oba
jemgyýetinde, oba hojalygynda we önümçiligiñ esasy
görnüşlerinde zerurlyk, ösüşiñ ýadawsyz hudaýynyñ
täsiri arkaly ilerlemeleriñ esaslaryny gurýan adamy
görýäris. Nil derýasynda we Ortaýer deñizinde mundan
beýläk-de şol ilerlemäniñ täsiri bilen biz häzirki zaman
günbatar ilerlemesiniñ esasyny döretdik.”3
R.
Pumpelly
soñ
Änew
medeniyetiniñ
Mezopotamýa (Sumer) medeniýetiniñ döremegindäki
roluny nygtamak bilen sözüni jemleýär:
“Awçylyk bilen güzeran görýän halklaryñ şol
döwrüñ dowamynda öý haýwanlary mesgen tutan
jülgelerden oba hojalygyny ýöretmegiñ parçalaryny hem
alandygy we diñe biziñ zamanymyza çenli dördünji
müñýyllykda adatdan daşary gurakçylyk ýagdaýynyñ
ýüze çykandygy, onuñ bolsa göçüp-gonup ýören çarwa
herekete getirendigi barada iş çaklamasy hökmünde,
megerem, biz çak edip bileris. Şolar bolsa has gadymy
we has soñky döwürleriñ dowamynda olaryñ kemkemden Atlantika çenli ýetmekilerini hem-de häzirki
dünýäniñ fiziki we durmuş aýratynlyklaryna çuñ täsir
etmeklerini öñünden kesgitläpdir.
Halklaryñ şu aşakdaky giñişliklerde göçüpgonup hereket etmeklerinde göçüp-gonup ýören
çarwalaryñ ýol ugurlary gürrüñsiz ýagdaýda Ýewraziýa
sähralaryna hem-de demirgazyk–Garadeñize ýetmelidir.
Şol jülgeleriñ ekerançylary hut şol sebäp bilen
täze ýerleri eýeläp hem-de şowsuzlyga duçar bolup, bir
jülgeden beýleki jülgä hereket edipdirler. Şunluk bilen
olaryñ seçip alan ýollary Mezopotamýada we Kiçi
Aziýada tamamlanypdyr.
Doktor Duýerst Wawilondan tapylan uzyn şahly
öküziñ şekilini Änewden tapylan öküziñ şekili bilen bir
3
Ýene şol ýer, s. 70 -73
12
meñzeş derejede goýdy. Şunluk bilen, eger biz öküzleri
eldekileşdirilmegiñ biri-birine bagly bolmadyk dürli
yerlerde bolup geçendigi we bu dürli merkezlerde şol bir
ýabany haýwan bolan “Bos namidicus” bolandygy bilen
ylalaşmaga taýýar bolmasak, şol Wawilonda peýda
bolmanka Änewde eldekileşdirilendigini we Änewdäki
birinji medeni döwrüñ özünde eldekileşdirilen öküz
bolan Wawilon medeniýetiniñ şonuñ ýaly tapgyryndan
has irki bolandygyny belläp geçmek gerekdir. Pahna
ýazuwyndan öñki ýazuwyñ baş-başdak ýagdaýyndaky
çyzykly görnüşinde ýabany öküz üçin hem,
eldekileşdirilen öküz üçin hem has irki piktografiki
görnüşlerden miras galan nyşanlaryñ bardygyny nazara
alsañ, bu eldekileşdirilen haýwanlar eýýam Akkad
Sargonyñ döwrüne çenli dowam eden semit döwründäki
şumer (Sumer) medeni döwründe mälim bolupdyr, ol
döwür bolsa adatça “Winklere” görä we “Meýere”
laýyklykda, biziñ eýýamymyzdan ozalky 3800-nji ýa-da
2800-nji ýyllar bilen senelenýär.
Şunluk bilen, alys döwürde, Akkad Sargonyna
çenli(döwürden) has öñ pahna ýazgysyna çalymdaş
ýazgy heniz piktografiki ýagdaýynda bolan mahaly
alysda, Eýran tekizliginiñ añyrsynda Wawilondan
demirgazyga 500 mil we gündogara 600 mil töweregi
aralykda Änewiñ ilaty şäherlerde ýaşapdyr, esasy
dänelik ekinleri ösdürip ýetişdiripdir, olary bolsa
Ýefratda we Nilde has giçki döwürlerde mallary
ösdürüp ýetişdiripdirler, şolar bolsa ýerli ýabany
görnüşlerinden eldekileşdirilipdir we şolary göni
ýagdaýda we göni bolmadyk ýagdaýda Haldeýe
beripdirler. Bu oturymly ekerançylyk medeniýeti
mallary ösdürip ýetişdirmekden başga ýagdaýlarda
eýýam Änewde bize mälim bolan ikinji gonalgalarda
ahyrky derejesine çenli ösdüripdirler.
13
Bu däp-dessur dünýäniñ haýsy böleginde bolup
geçýär, medeni ösüşiñ bu ulgamy nireden geçýär?
Gadymy Ýewropa hakynda biz nämeleri bilýän bolsak,
indi biz şol mahallar Hazaryñ añyrsyndaky sebtiñ
bugdaýdyr arpany we “trofly ýerlerde ösdürilip
ýetişdirilýän”
eldekileşdirilen
haýwanlary
neolit
döwrindäki Ýewropa getirendigini we has giçki
döwürlere çenli olaryñ deregine hiç zady almandygyny
gypynç etmän aýtmak bolar. Biz Änewde has irki
medeni döwürlerde ýüze çykarylan, adamzadyñ gazanan
üstünlikleriniñ arasynda öz mynasyp ornuny tapan
medeni parçalaryñ hiç birini hem Afrikanyñ
bermändigini ynamly aýdyp bileris diýip hasap
edýärin…
Häzirki wagtda biz onuñ ýaşamagynyñ ýatlanyp
geçilen tapgyrynda şol medeniýetleriñ ýerleşen çäklerini
(bu ýerde gadymy Suz ýa Ilam medeniýetinden söz
gidýär, B. G.) takyk kesgitlemek üçin maglumatlara eýe
däldiris. Munuñ özi professor “Saýsyñ” belläp geçişi
ýaly, Wawilon tekizligi bolup bilmez. Ol öz tebigy
häsiýeti boýunça geçip bolmaýan batgalyk bolupdyr we
ony oba hojalyk maksatlary üçin “diñe kanallary
gazmaga, kerpiç guýmaga we ony emeli ýagdaýdaky
esasda öýleri hem-de ybadathanalary gurmaga
mümkinçilik berýän ýokary medeniýeti bolan adamlar”
peýdalanyp bilerler.
Iki derýanyñ tekiz böleginde her yyldaky
dowamly suw joşmasy şeýle tebigy şertleriñ ýüze
çykmagyna sebäp boldy, şol derýalaryñ birinde suwuñ
joşmagy beýlekisindäki şeýle suw joşmagy bilen
gezekleşip gelýär we Septambr aýyna çenli dowam
edýär. Has soñra, Änewiñ irki medeniýetiniñ gülläp
ösýän döwründe Wawilon tekizligi heniz hem aýlagyñ
suwunyñ astyndady.
14
Derýalary öz hajatlary üçin peýdalanmaga ilkinji
gezek girişen adamlaryñ köp nesilleriniñ ýaşap geçen
döwrüniñ dowamynda jülgelerde ýaşap geçendiklerine
hiç bir hili ikirjiñleme bolup bilmez, şol ýerlerde şertler
şeýle bir agyr bolmasa-da, kynçylyklary ýeñip geçmek
üçin ep-esli derejede injenerlik ukyplaryny ösdürmegiñ
endiklerini ele almagy talap edýärdi. Bu bolsa uly wagt
aralygyny göz öñünde tutýar, ol bolsa Änew III mis
asyrynda günortadaky gadymy depäniñ dowam eden
irki döwrüne gabat gelýär we mümkin bolan birnäçe
göçüş tapgyrlary bilen utgaşyp gelýär, şonda
Suziana(ilam) Ýewrata barylýan ýolda iñ soñky duralga
bolup bilerdi, Wawilon medeniýeti bolsa şondan
gözbaşyny alýar. Bu medeni döwürleriñ sebitiñ daşky
dünýäden üzñeleşmeginiñ döwri bilen deñeşdirip
görmek Mezopotamiýadan gündogara tarap olaryñ gelip
çykan ýerlerini kesgitleýär…
Demirgazykdaky gadymy depäniñ ikinji medeni
döwründe düýäniñ, itiñ, geçiniñ we granitiñ yzlarynyñ
tapylandygy, şeýle hem bezelen kramiki gap-gaçlaryñ
täze görnüşleriniñ ýüze çykarylandygy mälimdir. Biziñ
eýýamymyza çenli IX asyrdan Salmansar II çenli
Wawilonda we Assyriýada bir örküçli düýe barada
ujypsyzja ýatlamalar, düýeleriñ günorta Änewde
dörändigi baradaky çaklamany berkidýär. Granitiñ
esasy
tebigy
çeşmesiniñ
Hindiguş
daglarynda
ýerleşýändigi sebäpli şolaryñ Änewde duş gelmegi
medeni gatnaşyklarynda özleriniñ Änewdäki atababalary bilen çalymdaş bolan adamlaryñ günbatar
ugurda gündogar Eýrana ýa-da Bakteriýa göçüp
gelendiklerini görkezýär, munuñ özi bolsa, hususan-da,
biziñ barlaglarymyzyñ meselesi bolup durýar.
Şumerler(Sumerler) hem diñe Haldeý tekizligine göçülip
barlandan soñ, ýolbarsyñ bardygyny bilipdirler.
15
Gündoardan günbatara göçülen halatynda Änewiñ we
Susýananyñ bolşy ýaly öñ göçülip barlan, ekerançylygyñ
we oturumly yaşaýşyñ dörän ýerleri munuñ üçin
başlangyç nokat bolup hyzmat eder. Ilkinji Änew
medeniýetiniñ turuwbaşynda ýüze çykarylan ýagdaý,
gonalgalaryñ döremegi, ekerançylyk we tañsyk
(keramiki) gap-gaçlary ýasamagyñ tilsimatynyñ ösüşi we
şekillendiriş sungaty mundan beýläkki ösüş üçin
wagtlaýyn ilerlemeleri talap edýändigine ikirjeñlenme
bolup bilmez, şol ýagdaý bolsa heniz hem görlüpeşidilmedik tümlüklere bürenýärdi.
Mysal üçin, Haldeý tekizliginiñ giçki tebigy
ykdysady mümkinçilikleri dürli etniki we dil
toparyndaky halklaryñ Sumer(şumer) medeniýetine
köre-körlük bilen goşulmagyna getirdi, dogrusy,
gündogar Eýranda adamlaryñ öz yzlaryna düşmekleri
üçin çalymdaş şertleriñ emele gelmegi mümkin bolmajak
ýaly bolup görünýär, şolaryñ bir bölegi – Sumerler
bolsa, soñra günbatara tarap ýola düşüpdirler.”4
R. Pumpelliniñ baş tutanlygyndaky amerikaly
ekspedisýa toparynyñ başda Änew bolmak bilen
gadymky Türkmenistanyñ adamzat siwilizasýasyna
goşan ajaýyp goşantlary hakyndaky bu açyklamalaryny,
olardan soñraky ylmy işler hem doly tassyklap, onuñ
üstüni yetirdi we ýetirýär. Bu ekspedisiýadan soñky 50
ýyl töweregi edilen barlaglaryñ we ylmy işleriñ esasynda
öñki SSSRiñ tanymal alymlarynyñ tarapyndan ýazylan
;TSSR Taryhy;nyñ I. tomunda, Türkmenistanda
adamzat ýaşaýşynyñ galdyran 300,000 ýyllyk yzlaryny
görkezmegiñ ardyndan, Jeýtun we Änew medeniýetleri
hakynda şeýle maglumatlara gabat gelýäris:
“ Köpetdagyñ eteklerinde, ýeriñ tebigy
suwarylmagy üçin peýdalanyp boljak gaty akýan
4
Ýene şol ýer s. 81-88(gysgaldyp alyndy)
16
çeşmeleriñ we bulaklaryñ boýunda täze medeniýet emele
gelýär we täze ekerançylyk durmuşy gurulýar. Hut şol
dag etek welaýatlary şondan beýläk Türkmenistanyñ
gadymy ilatynyñ we şol ilat bilen ýanaşyk sebitlerindäki
ilatyñ taryhynda esasy orny eýelemeli bolupdyr.
Yzgytsyz tebigy şertler sebäpli primitiw
ekerançylygy bolup bilmedik ýerleri bolan beýleki
goñşulykdaky
welaýatlarda
awçylykdan,
iýmit
çöpleýjilikden we balyk tutmakdan öý haýwanlaryny
edinmeklige geçiş amala aşýar, bu geçiş bolsa adamlaryñ
ýaşaýşyny ozalkydan has üpjünçilikli edipdir. Şoña görä,
Jebel gowagynyñ ýokary gatlaklarynda ýabany
haýwanlaryñ süñkleri bilen birlikde öý geçileriniñ
süñkleriniñ hem peýda bolanlygy tötänden däldir.
Türkmenistanda
gezip
ýören
awçylaryñ,
balykçylaryñ we iýmit çöpleýjileriñ ilkidurmuş
medeniýetiniñ zamany gutarýar. Dag eteklerinde
ekerançylyk, sähralardaky we çöllerdäki welaýatlarda
maldarçylyk – hojalygyñ progressiw ösüşiniñ esasy iki
ugry bolup, şu ugurlar şol iñ gadymy medeniýet
esasynda ösüpdir.
Şu ýerde neolit zamanynda bolan wakalaryñ
gidişine doly suratda düşünmek üçin, Türkmenistanyñ
çöllerini we sähralaryny goýup, dag eteklerine geçmek,
birinji nobatda hem Garagumuñ üstüne Köpetdagyñ
ägirt uly gaýalarynyñ abanyp durýan ýerine geçmek
gerek.
Ýer şarynyñ ýüzündäki iñ gadymy we öñde baran
ekerançylyk medeniýetleriniñ biriniñ başlangyjyny hemde ilkibaşdaky ösüşini beýan edýän has irki
ýadygärlikler hut şu ýerden, Eýran daglygy bilen Turan
düzlüginiñ
arsyndaky
serhetden
tapyldy.
Şol
medeniýetleriñ iñ gadymylary Jebel gowagynda irki
neolit adamlarynyñ heniz ýaşan zamanynda, ýagny biziñ
17
eramyzdan(eýýamymyzdan) ozalky takmyn V-nji müñ
ýyllyga degişlidir. Birinji nobatda Aşgabadyñ 30
kilometrlik demirgazyk-günbatar tarapyndaky Jeýtunyñ
ýanynda bolan oturym ýeri şonuñ ýaly ýadigärlikdir.
Şol ýerde gumlyk depäniñ üstünde palçykdan
salnan jaýlar bolupdyr. Şol jaýlaryñ diwarlarynyñ bir
bölegi togalanan toýun palçykdan salnypdyr, ondan has
soñraky zamanda bolsa bu palçyk süýrüräk çig kerpiçler
bilen çalşyrylypdyr. Şol zamanyñ başga bir
ýadigärliginde, Gökdepeden gündogar tarapdaky
Çopandepede bolan jaýlar hem şonuñ ýaly edlip
salnypdyr. Şu iki ýadygärlik özboluşly neolitik
medeniýete degişli bolupdyr, şol medeniýeti özüne has
mahsus ýadygärligi boýunça Jeýtun medeniýeti diýip
atlandyrmak
bolar.
Şu
medeniýet
SSSR-iñ
territoriýasynda (çäginde) bolan iñ irki ekerançylykmaldarçylyk taýpalarynyñ medeniýetidir…
Biziñ eramyzdan (eýýamymyzdan) ozalky IV-nji
müñ ýyllykda gadymy ekerançylyk oturum ýerleri
aýratyn giñ ýaýrap, şol wagtda günorta Türkmenistanda
ýaşaýan oturumly taýpalar özboluşly we özleriniñ
zamanyna garanyñda ýokary derejede ösen enolitik
medeniýeti döredýärler…
Şeýlelik
bilen,
Günorta
Türkmenistanyñ
teritoriýasynda (çäginde) biziñ eramyzdan ozalky V-IVnji müñ ýyllyklarda hojalykda aýgytly üýtgeşmeler
bolupdyr. Awçylygyñ we iýmit çöpleýjiligiñ deregine
ekerançylyk, maldarçylyk, barha ösüp barýan
metallurgiýa hem-de küýzegärçilik önümçiligi gelipdir…
Köpetdag etegindäki zolagyñ oturymly oazisleri
özleriniñ ösüşinde Orta Aziýanyñ beýleki sebitlerinden
öñe geçýärler. Amatly tebigy şertler şuña ep-esli
derejede ýol açypdyr. Mundan başga-da eneolitiñ we
bürünç asyrynyñ dowamynda Gadymy Gündogaryñ
18
örän ösen medeniýetleri bilen Günorta Türkmenistanyñ
aragatnaşygy Orta Aziýanyñ beýleki welaýatlarynyñ şol
medeniýetler bilen aragatnaşygyndan has güýçli
bolupdyr.
Günorta Türkmenistanyñ eneolit medeniýeti
gadymy ekerançylyk medeniýetleriniñ demirgazykdaky
merkezleriniñ birini emele getiripdir, bu medeniýetler
bolsa Balkan ýarym adasyndan başlap Kawkazyñ we
Eýranyñ üsti bilen Demirgazyk Bulujystana hem Hind
derýasynyñ aşak akymlaryna baryp ýetipdir. 5
Änew medeniýetiniñ adamzat taryhyndaky
ähmiýeti hem-de onuñ dünýä siwilizasiýasynyñ, ylaýtada Mezopotamýa (Sumer) medeniyetiniñ gözbaşy
bolanlygy soñky edilen ylmy işlerde-de nygtalýar hem
ykrar edilýär:
Amirkanyň hem bütin dünýanyň tanymal alymy,
ençeme
uly
tomlardan
ybarat
„Adamzat
medeniýetleriniň taryhy” atly eseri döreden ;Will
Dorant; özüniň bu işiniň birinji tomunyň “Medeniýet
sallançaklary, Orta-Aziýa ;Änew; - akly haýran edýän
ýollar” diýen sözbaşyly bölüminde şeýle ýazýar:
“Haçan-da biz geologlar taryhdan öňki uzak
geçmişleriň dumanyna aralaşmaga synanşanymyzda, şu
günki Orta-Aziýanyň gurak çölleri, irki zamanlarda
çygly hem maýyl kilimaty bolandygyna ynanýarys hemde bu ýerlerde gölleriň we bol suwly akabalaryň
bolandygyny görýäris. Buzlaryň iň soňky gezek çekilen
geologik döwründe bu ýerlere gurakçylyk aralaşýar,
ýagyn suwlary bolsa bu ýerde döredilen obalardyr
şäherleriň saklanyp galmagy üçin ýeterlik bolmaýar.
Hut şonuň üçin hem bu medeniýetleri döreden adamlar,
öz ýurtlaryny taşlap suw gözleginde dünýäniň dört
5
Türkmenistanyň (TSSR) Taryhy, Türkmenistanyň ylymlar
akedemiýasy, I jilt, Aşgabat-1959, s. 37-45
19
ýanyna dargamaly bolýarlar. Bakteriýa ýaly ýary
göwresi çölüň çägesine gömülip galan şäherlerde gaty
köp ilatyň ýaşandygyny görýäris. Hatda 1868-nji ýyldada Günorta-Türtüstanyň 80,000 ýaşaýjysy, süýşüp
gelýän çägelerden howatyrlanyp ýurtlaryny terk etmäge
mejbur bolupdylar.
1907-nji ýylda ;Pumpelli; Änewde (GünortaTürküstanda) biziň eýýamymyzdan öňki 9-njy müň ýyla
degişli medeniýetiň galyndysy hasaplanýan daş gurallary
hem başga zatlary gazyp çykardy…
Biz bu ýerde arpa, bugdaý we dary ýaly
gallalaryň ýetişdirilendigini, mis ýaly metallaryň
ulanylandygyny,
haýwanlarň
ekdi
edilip
ýetişdirilendigini hem-de taňsykdan (kramikadan)
ýasalan bezeg şaýlaryň ulanylandygyny görýäris. Şu
düşünjeden hereket etmek bilen biz, öz bilip bilmeýän
zatlarymyz üçin şeýle bir pikiri öňe sürýäris:
Ýagynsyz asmanyň abanmagyna we guraklyga
uçran topraklardan emele gelen çölleriň basgysyna
çydap bilmedik ilat, üç ýana dargap, döreden
medeniýetlerini hem özleri bilen alyp gidýärler… olar,
gündogara tarap Hytaý, Mençury hem demirgazyk
Emirka, gönorta tarap Demirgazyk Hindistana,
günbatara tarap bolsa Ilama, Sumere we Müsüre hatda
Italya we Ispanýa çenli baryp ýetýärler. Susada (häzirki
günorta-günbatar Eýrandaky Şuş) irki Ilamda tapylan
köne medeniýet galynydlary-da Änew medeniýetiniň tipi
bilen şeýle bir meňzeş welin, adamzadyň medeni
taryhynyň
ümüş-tamyşynda,
takmynan
biziň
eýýamymyzdan 4 müň ýyl öň, Änew bilen Susanyň
arasynda medeni gatnaşyk saklanandygna esas döreýär.
Şeýle bir meňzeşligiň hem yakyn garyndaşlygyň bolsa,
Änew bilen Mezopotamiýadyr Müsüriň gadymy sungat
we el işlerinde görülmegi, bu ülkeleriň arasynda-da
20
taryhdan öňki döwürlerde gatnaşygyň bolandygyny
hakyda getirýär…“6
Alym sözüniň dowamynda sumerlileriň hem
Orta-Aziýadan ýa Hindistandan ýa-da Kawkazdan gelen
bolmak ähtimallaryny öňe sürenden söň, sumerlileriň
dili bilen mogul (mangul) diliniň arasynda bar bolan
meňzeşlikleri-de nygtap geçmek bilen, özüniň bu
baradaky jemleýji pikrini şeýle açyklaýar:
„Ýazuwa geçen taryhyň azyndan 6 müň ýyl ýaşy
bar. Biziň elimizdäki maglumatlara görä bu döwrüň deň
ýarysynda ynsanlyk hereketiň merkezi ýakyn gündogar
bolupdyr. Ýakyn gündogar diýip gümürtigiräk salgy
bermekden biz, bütin Gündogar-Aziýany göz öňünde
tutýarys. Bu giňişlik, Orsýet we Garadeňziň
günortasyny, Ýakyn-Gündogar bilen gatnaşykda bolan
Müsüri-de öz içine alýar.
Bu giňişlikde ýaşaýan örän işeňňir hem dörediji
halkyň döreden dürli medeniýetleriniň bir-birine ýetiren
garşylykly täsiri netijesinde: Ekerançylykdyr söwda
gatnaşyklary, at ýetişdirmekdir araba ýasamak, zikge
kakmakmakdyr kredit düzgüni ýola goýmak,
dokmaçylykdyr el işleri, döwlet hem kanun, ýazuwdyr
elipbi, matematikdir meditsine, ylmy esasda ýer suwaryş
sistemasy, geometriyadyr astronomiýa, edebiýatdyr saz
sungaty we… ýüze çykypdyr.
Şu günki Emirkanyň we Ýewropanyň medeniýetide Kret adasy, Ýunan hem Rimiň araçylygy bilen,
gönüden-göni şol medeniýetlerden gelip çykypdyr…
Eger-de
biz
öz
medeniýetimiziň
hakyky
esaslandyryjylaryny sylamak isleýän bolsak, Orta-Aziýa
minnetdar bolmalydyrys.“7
6
Will Durant „Kulturgeschichte der Menschheit“ Köln-1985, s. 109110
7
: ýene şol ýer, s. 115
21
Eýranly taryhçy Dr. M. Mäşkur hem bu ugurda
seýle ýazýar: „Wawilonyň ilkinji oturumly uruglarynyň
sumerliler ýa-da samidler bolandygy hakynda, dürli
garaýyşlar bar. Bu gün alymlaryň köpüsi sumerlileriň
Wawilonda oturumlylyga geçendigini nygtaýarlar.
Sumer ýurdy Töwratda ;Şen-ar; ady bilen geçýär…
Sumerden tapylan bürünç şaýlardan düşünilşine görä,
olary
Ýefrat
derýasynyň
ýakalaryna
birden,
garaşylmadyk ýagdaýda gelip, medeniýetlerini bolsa
Hzar deňziniň günorta-gündogaryndan özleri bilen
getiripdirler. Emma alymlaryň kä birleri bolsa, olaryň
deňiz tarapyndan bosup gelendiklerini öňe sürýärler.“8
Ýene bir Eýranly taryhçy Hasan Pirniýa bu
barada şeýle ýazýar: „… Emma akkadlaryň we
sumerlileriň nireden gelendigi hakynda, Aşgabadyň
golaýyndaky
Änew,
Astrabadyň
ýakynyndaky
(Türkmensähradaky B. G.) Tureňdepe( kä çeşmelerde
Turandepe B. G.) hem-de Daraýgezden (Mäne-Çäçe
töweregi B. G.) tapylan taňsykdan (keramikadan)
ýasalan gap-gaçlar we şoňa meňzeş zatlaryň ýasalşy
Ilam istili bilen deň bolup, altyn küýzeleriň ýüzünde
bolsa sumerlileriň suratlary gazylandygyny göz öňünde
tutmak bilen kä alymlar, Ilam medeniýeti bilen
Türkmenistan medeniýetiniň bir-birine baglanşygy
bolupdyr, belki-de sumerliler hem demirgazyk tarapdan
pars aýlagyna hem-de Wawilon jülgesine gelendirler
diýen pikri öňe sürýärler…“ 9
Indi,
Türkmenistanyň
gadymy
taryhyny
öwrenmekde iň esasy işler edip, bu ugrda örän ylmy
eserler ýazan, tanymal alym ;Vadim M. Masson;yň eden
8
: Muhammedjäwad, Mäşkur “Iran där ähde bastan” Tähran-1985, s.
115
9
Hasan, Pirniýa „Taryhe Irane bastan“ Tähran- birinji tom, s. 113114
22
açyşlarynyň esasynda öňe süren pikirleriniň, biziň
temamyza degişli taraplary bilen tanyş bolalyň. Ol,
Alman dilinde “Das Land der tausend Städte” (Müň
şäheriň ýurdy) ady bilen çap bolan we girişinde “bu eser
ors dilinde çap bolandan soň, soňky ylmy tejribeler bilen
has baýlaşdyrylandyr” diýip nygtalan kitabynda şeýle
ylmy nazaryýalary öňe sürýär:
“Altyndepe töwereginde ilkinji ekerançylaryň
oturumly ýurtlary iň giç b. e. o. 5000 ýylda ýüze
çykandygy bellidir. Olardan, ýüzi ýönekeý geometrik
nagyşlar bilen bezelen küýze döwükleri galypdyr. Şol
döwriň ýaşaýjylary öz döreden medeniýetlerini ösdürip
ýaýratmagy başarypdyrlar. Biz bu ösüşi yzarlanymyzda,
küýzeler yzygiderli owadanlaşýar hem bezegleri artýar.
Bezeglere haýwanlaryň we ynsanlaryň suratlary-da
girýär, şonuň ýaly hem çylşyrymlaşýar. Sazlaşykly iki
reňkli nagyşlar, keçäniň ýüzüne salynýan nagyşlary
ýatladýar.
Gazuw işlerinde köp gabat gelýän bürünçden
guýulan, owadan daşlardan şekillendirilen gap-gaçlar,
tehnikanyň ösendigini aňladýar. Olar, ekerançylykda
has öndümliräk tehnikalary girizmek üçin, dürli
suwaryş gurallary döredipdirler…
Radio-karbon usuly bilen kesgitlenende, döredilen
gadymy şäherleriň taryhy b. e. o. Üçünji müň ýyla gabat
gelýär…
Altyndepedäki şäheriň aýry-aýry böleklerinde
(etraplarynda) geçirilen gazuw işleriň netijelerini şeýle
suratlandyryp bileris: şäheriň ýaşaýjylary aýry-aýry
gatlaklara bölünip, ol gatlaklaryň arasynda bolsa
manyly çäkler saklanypdyr. Bu şäheriň ähli böleklerini
öwrenmek arkaly onuň ilatynyň sanynyň hem takmyny
belli bolýar.
23
Bu gadymy şäherleriň ilatynyň sany bir çaklama bilen
6000-7500 ýaşaýjydyr. Bu san şol döwür üçin örän
manylydyr. Sumer medeniyetiniň merkezi bolan UR
şäheriniň ilaty hem b. e. o. 2500 ýylda 10000 adamdan
ybarat bolupdyr…
Altyndepede henize çenli bir köşk ýüze çykamdy
we häzirlikçe ol hakda belli birzat aýdyp bolmeýar.
Şonuñ ýaly-da bu ýerde dünýewi hökümetiñ gülläp
ösmegi, ýurdy dolandyrýan ýokary gatlak üçin aýratyn
bir hökümet merkezini talap edýän derejä baryp
ýetendigi hakynda hem belli birzat aýdyp bolmaýar.
Emma
bu
barada,
gazuw-agtaryş
işlerimiziñ
dowamynda birgiden dini (kult) merkezi ýüze çykdy. Bu
bolsa adatdan daşary uly jaýlaryñ ýadigärligini
añladýar. Bu merkez bronz döwrine degişli şäheriñ
gündogar tarapynyñ daşynda aýratyn ýöriteleşdirilen
etrapda ýerleşýär. Onuñ harabalarynyñ galyndylary
özbaşdak kiçijik bir depe döredýär. Bu ýerden tapylan
zatlar, gurluşuk taryhynyñ çylşyrymly nusgasyny hemde belli bir dini kompleks ýadigärligini görkezýär.
Bu gurluşykda esasy gyzyklanma döredýän zat
onuñ gündogar ýüziniñ dabaraly dekorydyr; sebäbi ol,
şähere ýakynlaşýan herbir ýolagçynyñ her zatdan öñürti
ünsüni özüne çekýär. Bu binanyñ düýbüni tutmak üçin
has gadymy bir binanyñ harabalaryndan emele gelen
depäni ulanypdyrlar. Bu depäniñ bişen kerpiçden
örülmegi, üç döwri özünde janlandyrýan örän haşamly
binanyñ döremegine mümkinçilik beripdir; birinji
döwürde depäniñ daş töwereginiñ gaty köp bişen
kerpiçler bilen örülmegi, dört gatdan ybarat minara
çalymdaş binany döredipdir. Onuñ öñ tarapy takmynan
21 mitirdir. Ikinji gatynyñ polyny (petegini) üç gatdan
ybarat sütünler bezäpdir. Bu gurluşygyñ daş görnüşi
Sumer hem Wawilonyñ dünýä belli “Ziggurat”laryna
24
meñzeýär. Olar Wawilon minaralarynyñ keşbinde Bibil
tekstine hem giripdir. Emma bu binanyñ Sumer
zigguratlaryndan üýtgeşik ýeri, üç burçly bolup
dördünji burçy bolsa bronz döwrüne degişli bir depe
bilen çäklenmegidir. Şeýle ýagday bu örän gadymy
gurluşygyñ mimarçylyk (arhitektura) haýbatyny hem-de
ruhy täsirini azaldýar, emma öz gezeginde has azyrak iş
güýjüni hem gurluşyk materýallaryny talap edendir. Bu
meseläniñ bolsa Altyndepelileriñ durmuşynda uly rol
oýnanlygy aýdyñdyr...”10
Alym
Altyndepäniň
arhitektura
we
heýkeltaraşlygynyň aýratynlyklary hem onuň din bilen
bolan baglanşygyny düşündirýän bölüminde, şol sanda
şeýle ýazýar: “Daşdan ýasalan bir plaketiň ýüzündäki
bir haç (atanak) bilen ýarym aýy suratlandyrýan, şonuň
ýaly hem bir gurt bilen öküziň kelleleriniň heýkelleriniň
tapylmagy, aýratyn üns çekiji hem manylydyr. Öküziň
gözi, hem-de bir aý görnüşindäki heýkeljigiň ýanyndaky
ýyldyz, ýakutdan ýasalypdyr. Bu tapylan zatlary
bilelikde alanyňda, belli bir çylşyrymly hem köp taraply
funksiýany aňladýar. Gadymy Mezopotamiýadaky dini
tekstleriň düşündirişine görä, aý taňrysy Nin-Sun, güýçli
hem gyzma öküz görnüşinde ýüze çykypdyr.
Heýkeltaraşlar ony altyndan ýasalan öküzüň heýkeli
bilen suratlandyrypdyrlar. Aý taňrysy Sumeriň UR
şäheriniň iň ýokary derejeli goraýjysydyr. Hut şonuň
üçin hem örän uly hem çylşyrymly çokunma jaylary
(kultkompleksi) oňa hödürlenipdir. Bu şäheriň meşhur
zigguraty hem şoňa degişlidir (bu ybadathananyň ady
ANUdyr, B. G.). Nin-Siniň Altyndepedäki ýerli
wariýanty bolan bir erkek “Aý Taňrysy” hem ünsi
çekýär. Oňa-da bu şäheriň bir dini kompleksi
10
Vadim M. Masson „Das Land der tausend Städte“ München-1987, s.
22-31
25
hödürlenipdir. Bu kompleksiň köp gatly diňi (minarasy)
Sumeriň
zigguratlarynyň
prototipidigi
(irki
nusgasydygy) aýdyňdyr. Bu merkez, Altyndepäniň şäher
gurluşynyň aýratynlygynyň simbolydyr…
Iş bölünşikleriniñ netijesinde dürli önümleriñ
artmagy, bu we beýleki ugurlardaky görnükli ösüşler,
yktysadiýetiñ dürli pudaklarynda ylmyñ ösmegini talap
edýärdi. Tehnologiýa ugrundaky ylmy barlaglaryñ
görkezişine görä, Altyndepäniñ küýzegärleri gyzgyn
howa şertlerine uýgun örän manyly maglumatlar
edinipdirler, demirçileriñ (metalorglaryñ) hem gazanan
üstünlikleri az bolmandyr. Çünki olar metallary örän
inçelik bilen eretmek tehnikasyny talap edýän metodlar
arkaly ýokary hilli guýma sungat önümlerini öndürmegi
ussatlyk bilen başarypdyrlar. Obahojalykda, ýerleriñ
üstünde işlemekde tohum sepme we suwarma
möwsumlerini astronomiýa maglumatlaryñ esasynda,
kalendar ýyl dönümlerini hasaplamak arkaly öñünden
kesgitläpdirler. Tebigy hadisalaryñ bir-birine gabat
gelmeklerini hem-de asman jisimleriniñ hereketini hem
netijelerini hasap edip, şonuñ esasynda bolsa kalendar
düzmeklik, öz nobatynda matematik ylmynyñ
esaslaryny bilmeden mümkin bolup bilmezdi. Altyndepe
arhitekturasynda ulanylan usullar-da olaryñ geometria
ylmy bilen hem belli derejede tanyş bolandyklaryny
görkezýär...
Arhitektura
derňemeler,
Altyndepede-de
Sumerde bolşy ýaly uzynlyklary ölçmekde belli bir
sistemanyň ulanylandygyny subut edýär. Köp sanly
agram daşlaryň (kileleriň) ýüze çykmagy bolsa,
agramlary ölçmekde-de belli sistemanyň bolandygy
hakda gürrüň etmäge ýol açýar. Seýle ölçegler bilen,
ýygnalan hasyllaryň möçberini hasaplapdyrlar. Şonuň
ýaly hem metalorglar (demirçiler) aýry-aýry metallaryň
26
agramyny örän dogry hem inçelik bilen ölçüp bilelikde
eretmek arkaly täze metallar döredipdirler…
Heýkeltaraşlykda örän uly kelleleri kiçi
göwreleriň üstünde goýulmagy hem-de bütin ünsi özüne
çekýän iňňän uly gözleriň oturdylmagy görülýär.
Sumerlilerde şeýle uly gözleriň hem gulaklaryň, bilim
hem hüşgärlik organlary hökmünde, taňrylaryň bar
zady görýän hem eşidýändiginiň simboly bolmagy
ýerliksiz däldir…
Biz, Altyndepe medeniýetinde suratlandyrylmagy
we düşündirilmegi täze metodlar hem gurallar talap
edýän bir dini sistemanyň ýüze çykandygyny kabul edip
bileris.”11
Alym soň, Altyndepede medeniýetinde belli bir
ýazuwyň ýüze çykandygyny subut edýän alamatlaryň
tapylandygy hakynda örän gyzykly hem manyly
maglumatlar berýär:
“Jemgiýet strukturasynyň özgermegi bilen çygry
örän giňelen maglumatlary bellige alyp saklanmalydy.
Bu mesele bolsa, bu gazanylan bilimleri özünde saklap
bilmek üçin ynamly hem mynasyp belgileri oýlap
tapmak zerurlygyny ýüze çykarýar. Şeýlelikde
Altyndepäniň
ýaşaýjylarynyň
belli
bir
ýazuw
sistemasyny ulanan bolmaklary örän ähtimaldyr.
Dogrudan-da, taňsykdan ýasalan aýal heýkelleriniň
ýüzüne gazylan bir näçe belgiler tapyldy. Bu belgileri,
bir-birine ylaýyk gelýän alty topara bölmek mümkindir.
Olar dowamly gaýtalanýar, her bir heýkelde aýry-aýry
belgiler topary, belli formalarda biri-birine baglanýar…
birinji hatarda bir ýyldyz belgisi bilen asmandaky bir
hanym taňryny, gülläp oturan bir agajyň pudagy bilen
bolsa, belli ösümlikleriň ýa-da bugdaýyň goraýjy
taňrysyny suratlanyrylan bolmalydyr. Bu belgileriň bir
11
: ýene şol. S. 37-38
27
näçesi
protoilam
(Ilam
ýazuwynyň
aňyrsy)
piktografiýasynda-da gabat gelýär.
Tapylan ýeketäk nusga bolan bir möhüriň
ýüzünde bolsa protohind (Hind ýazuwynyň aňyrsy)
ýazuw sistemasyna degişlidigi açyk belli bolýan belgiler
bar. Sowet alymlarynyň Ý. V. knorozowyň
ýolbaşçylygynda, protohind tekstlerini ýüze çykarmakda
ulanylan metodlar bilen derňänimizde, Altyndepeden
tapylan bu ýazuwy “belli bir uly hanym ýa erkek
taňryny aňladýar” diýip ýorup bileris…
Bularyň barysyny göz öňünde tutmak bilen biz,
Altyndepäniň ýaşaýjylarynyň özleriniň hem bir
protohind ýazuw sistemasy bolan bolmaly ýa-da her
halda protohind ýazuw tekstlerini okap düşünipdir diýip
bileris…”12
Sumerlileriň biziň gadymy topraklarymyzdan
göçüp gidendigi hakda gürrüň edýän çeşmeler gaty köp.
Biz bu ýerde gürrüňimizi ors arheologiasynyň atasy
hasaplanýan “N. Nikolskiniň” sözleri bilen jemleýäris:
“Sumerlileriň ata watany Türkmenistanyň
Aşgabat
şäheriniň
töweregidir.
Bu
ýeriň
kurganlaryndan (depelerinden) tapylan, daşdan,
kümüşden
we
taňsykdan
ýasalan
zatlar,
Mezopotamiýanyň günortasyndaky sumerlilere degişli
depelerden tapylan zatlara gaty meňzeşdir. Bütin bu
zatlar “sumerlileriň şu günki Türkmenistandan
Mezopotamiýa göçüp baran bolmagy güýçli ähtimaldyr”
diýen netijä eltýär. Bu iki medeniýetiň iň soňky
analizleri, olaryň arasynda köp sanda ortak zatlary ýüze
çykarypdyr. Sumerlileriň baş taňrylary bolan ;En-Lil;iň
tutan
orny,
Mezopotamiyanyň
günortasyndaky
düzlükler bolman eýsem, daglyklarda bolupdyr. Belki12
ýene şol. S. 38-40
28
de ;Köpetdagyň; etekleri olaryň ata watany
bolandyr…”13
Ýokarda getirilen ylmy faktlar ýagny, arhelogik
barlaglaryñ netijesine hem-de tanymal alymlaryñ olar
hakyndaky ylmy ýorum we analizlerine üns berenimizde
şu aşakdaky netijeler aç-açan yüze çykýar:
1- Adamzadyñ medeni taryhynyñ üçünji etaby,
ýagny jülge medeniýeti* biziñ eýýamymyzdan ozalky VIV-nji müñýyllyklarda Köpetdag we Hindiguş ýaly
daglaryñ eteklerindäki jülgelerde, dagdan inýän çeşme
suwlarynyñ töwereginde dowam edipdir.
2- Bu jülge medeniýetleri biri-birinden üzñelikde
hem-de özboluşly dowam edipdir.
3- At, düýe we öküz ýaly, adamzat medeniýetiniñ
ösmeginde örän aýgytly rol oýnan haýwanlar ilkinji
gezek Köpetdag eteklerinde has takygy Änewde
eldekileşdirilipdir. Bu haýwanlaryñ we soñrak bolsa
tigirli
arabalaryñ
ulanylmagy
bolsa,
Änew
medeniyetiniñ, bu medeniýeti döerden adamlaryñ üsti
bilen
dünýäniñ
beýleki
ýaşaýyş
merkezlerine
ýaýramagyna mümkinçilik döredipdir.
4- Biziñ e. oz. IV-nji müñ ýylyñ dowamynda
Türkmenistanyñ we bütin Merkezi Aziýanyñ çenden aşa
gyzyp guraklaşmagy we Garagum çölüniñ has
ýaýramagy sebäpli, Äenw medeniýetini döreden ilatyñ
uly bölegi dünýäniñ dört ýanyna ýaýrapdyr hem-de olar
Mezopotamýa we Hindistan ýaly ýaşamaga amatly
13
K. Matweew, A. Sazonow „Zemlýa Drewnego Dwureç-ýa“
Moskwa-1986, s.38
*:
Alymlaryň kesgitlemegine görä adamzat medeniýetiniň iň gadymy
etaplary şeýledir: 1-nji etap b. e. oz. 11,500-6,200 süýji suwly deňizleriň
töwereginde (Aral, Hazar we Garadeňiz bir bitewi süýji suwly deňiz
bolan döwri), 2-nji etap b.e.oz. 6,200-5,800 Delta (derýalaryň deňizlere
guýýan ýeri) medeniýeti, 3-nji etap Jülge medeniýeti b.e.oz. 5,0004,ooo.
29
ýerlerde, özleriniñ baý tejribelerinden peýdalanmak
arkaly, dünýäniñ iñ esasy gadymy medeniyetleriniñ
döremeginde aýgytly rol oýnapdyrlar, hatda ýazuwly
taryhyñ başlangyjy bolan Sumer(şumer) medeniýeti-de
Änew medeniýetiniñ özboluşly dowamy bolupdyr
dimäge ynandyryjy esaslar bar. Bu hakykaty biz öñki
işimizde Turkmen we Sumer dillerini hem-de bu iki
medeniýetiñ beýleki pudaklaryny garşylaşdyrmak
arkaly doly subut etmägi synanşypdyk. Eliñizdäki
işimizde bolsa, yokarda-da belläp geçişimiz ýaly, ÄnewAltyndepe medeniýetleriniñ dowamyny gözden geçirip,
Beýik Parfiýa (Part, Parlar, Ärsaklar) döwletini guran
ata-bablarymyz hakda gürrüñ edýäris.
30
Türkmenistan M.Ö. III. binyıl
(Türkmenistan SSR Tarihi, I. cilt, s. 41)
31
II- Änew-Altyndepe medeniýetiniñ dowamy
(b. e. oz. III. Müñýyllyk we II. Müñýyllygyñ başlary)
Ata-babalarymyz öz dogduk depelerini hiç haçan
unutmandyrlar:
Ýokarda görşümiz ýaly biziñ Änew, Altyndepe we
Göksüýri
ýaly
medeniýetleri
döreden
atababalarymyzyñ uly bir bölegi örän oňaýsyz tebigy hem
yktysady şertleriň ýüze çykmagy zerarly, ýaşaýyşlaryny
dowam etdirip bilmek üçin täze ýurtlaryň gözleginde
ata-watanlaryny terk etmäge mejbur bolup dünýäniñ
dört ýanyna ýaýrapdyrlar.
Olar Mezopotamýa we Hindistan ýaly ýerlerde
özleriniñ baý tejribeleriniň esasynda belki-de ýerli ilatyñ
tejribelerinden hem peýdalanyp ýene-de dünýäniñ iñ
ösen medeniýetleriniñ bir gidenini döredýärler. Emma
olar hiç-haçan öz yzlaryny unutman, eýsem
atawatanda galyp şol ajaýyp medeniýeti dowam etdirýän
dogan-garyndaşlary bilen yktysady hem medeni
gatnaşyklary ýola goýup yzygiderli dowam etdirýärler.
Ine, şeýlelik bilen “jülge medeniýetleri”niñ
dowamy bolan häzirki Murgap derýasynyñ töwereginde
Mary (Marguş), Dejle(Tigir) we Ýefrat(Fyrat)
derýalarynyñ
arasynda Sumer,
soñra
Akkad,
Demirgazyk Hindistanda bolsa Harappa
ýaly
medeniýetler bilen garşylykly täsir ýagdaýda ösüş
ýollaryny dowam etdirýärler. Şonuñ ýaly-da Neolit
döwrine degişli bolan bu medeniýet Altyndepe we Änew
töwereginde hem-de Türkmenistanyñ beýleki oturumly
ýerlerinde galan ilatyñ tarapyndan dowam etdirilýär.
Bu bölümde biz Türkmenistanyñ bu döwrüne
gysgaça syn etmekçi. Elbetde bu ugurda biziñ esasy,
hatda ýeketäk çeşmämiz, geçen onýyllyklaryñ
dowamynda, ylaýta-da Ata Watanymyzyñ garaşsyzlyk
32
döwründe geçirilen gazuw-agtaryş işleriñ netijeleriniñ
esasynda ýazylan ylmy işler bolup biler. Ýöne, ýokardada belläp geçisimiz ýaly bu barlaglaryñ ýüze çykaran
materýallaryny şol medeniýetleri döreden ilatyñ bu
günki nesilleri hem mirasdüşeri bolan türkmen
milletimiziñ, başda dili bolmak bilen maddi we ruhy
gymmatlyklarynyň, ýagny türkmen aňyýetiniň esasynda
ýorup netije çykarylsa has dogry we hakykata has uýgun
bolar diýip düşünýärin. Beýleki milletleriň alymlarynyň
bitiren hem bitirýän uly işlerine örän uly minnetdar
bolmak bilen bir wagtyň özünde, olaryň öz dillerine hem
medeniýetlerine uýgunlykda çykaran netijelerine doly
uýup olary gaýtalamaklyk, dogry zatlaryň ýanynda
ýalňyşlyklardyr ýoýulmalary-da tassyklamakdan başga
zat bolup bilmez. Bu bolsa bizi öz taryhymyzy dogry
owrenmegimizi bökdär diýip düşünýärin. Mysal üçin
biziň halkymyzyñ müňlerçe ýyl bäri gursagynda saklap
gelen “Mary” sözüniň (we käbir beýleki gadymy
sözleriň) mundan 5000 ýyl ozal ýazuwa geçip galan
Sumer dilinde belli manysy bar.14Eger-de biz bu sözi
Grekleriň ýazyşy ýaly ;Margiana; we ýa Arap-parslaryñ
ýazyşy ýaly ;Merw; ýazyp tekrarlap ýörsek, onda ol
özüniñ manysyny hem taryhy ähiýetini belli derejede
ýitirýär, edil ;Ýylanly;ny ;Ilýaly; ýa-da ;Daşoguz;y
;Taşauz; ýa-da ;Esen;i ;Gasan; we ;Hasan;
görnüşlerinde ýazylşy ýaly. Bu mesele diňe bir sözler
barada däl-de eýsem gadymy din, däp-dessurlar we
medeniýetimiziň beýleki pudaklary hakynda-da şeýle
çemeleşmelidiris. Munuň üstesine-de kä halatlarda belli
bir siýasy meýlleriñ hem ylmy işlere zyýan berýänligini
göz öňünde tutulmalydyr. Bu barada bir wagtlar öňki
şurewi alymlary “TSSR” taryhynda (TSSR 1924-nji
14
Seret: B. Gerey, „5000 ýyllyk Türkmen-Sumer baglary“ Istanbul2005, s. 40-47
33
ýylda döredileni üçin, biz bu müňlerçe ýyly öz içine
alýan eseriň adyny “Türkmenistanyň Taryhy” diýip
almagy dogry we kanunalaýyk tapdyk) şeýle
duýdurypdylar:
“Burjuwaz awtorlaryň köplenjisi Orta Aziýa
halklarynyň taryhyny höküm süren dinastiýalaryň,
tükeniksiz uruşlaryň we çozup girmeleriň taryhyna
syrykdyrmaga meýilli bolup, zähmetkeşler köpçüliginiň
durmuşy we işi bilen az gyzyklanypdyr. Gündogar
halklaryna aýratyn hem türki dilli halklara äsgermezlik
bilen garap, şol taryhçylar türkmenleriň we olaryň atababalarynyň medeni hem hojalyk taýdan gazanan
üstünliklerini kemsidipdirler”.15
Meniň pikrimçe ýokardaky setirler, şurewi
döwründe-de biziň taryhymyza ylaýta-da täze
taryhymyza, şol döwrüň şertlerine görä ýoýulmalar
girizilendigine garamazdan, örän adalatly duýdurmadyr
we şu gün hem öz güýjüni saklaýar.
Häzir biz ýokarda ady geçen hormatly alym V.
M. Massomyň gymmatly işine salgylanmak arkaly
Günorta Türkmenistanyñ (esasan Altyndepäiň) bronz
döwri we onuñ Mezopotamýa ýaly beýleki medeniýet
merkezleri bilen gatnaşyklary barada gysgaça tanyş
bolýarys:
“…ýüzünde ýarym aý bilen atanak şekillendirilen
bir daş plaketi aýratyn gyzyklanma döredýär. Şonuñ
ýaly-da altyndan ýasalan bir öküz bilen bir gurduň kelle
heýkelleri. Öküzüň gözleriniň ýüzüne ýakut daşy
çekilipdir we maňlaýy bolsa aýa çalymdaş bir bezeg
bilen bezelipdir. Bu zatlar eýýäm bu kompleksiň
tutuşlyguna nämäni aňladýar we haýsy funksiýany
ýerine ýetiripdir? Diýen pikiri özi bilen getirýär.
Gadymy
Mezopotamýanyň
dini
tekstleriniñ
15
“Türkmenistanyň taryhy”, I. jilt-1959, s. 10
34
açyklamasyna görä, ol ýerde aý taňrysy “Nanna-Sin”
güýçli we gyzma (ýanyp duran) asman öküzi görnüşinde
ýüze çykýar, bu ýerde (Altyndepede) bolsa ol, arassa
altyndan ýasalan heýkel görnüşinde gaýtalanýar. Aý
taňrysy Sumer şäheri “Ur”yň iň ýokary derejeli
goraýjysydy, şäheriň dini kompleksi hem hut şoňa bagyş
edilipdi. Ur şäheriniň zikkuratynyň meşhur minarasy-da
oňa degişlidi. Belli bolşuna görä bu heýkel Altyndepedede “Nanna-Sin”iň ýerli wariýanty bolan “Erkek Aý
taňrysy” bolup, oňa-da bu şäheriň dini kompleksi bagş
edilipdir. Bu ybadathananyň köp gatly minarasy bolsa
aç-açan Sumer zikkuratlarynyň prototipiniň (başlangyç
nusgasynyň)
dowamydyr.
Bu
merkez
şäher
organlarynyň birleşmeginiň simwolydyr we has anygy,
ähli gadymy şäherlerde bolşy ýaly, şäheri dolandyrmak
baradaky düşünje hem dünýä garaýşy aňladýar…”16
“Arheologlaryñ elindäki bar zatlar, olary gadymy
dünýagaraýyş bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik
berýär. Diñe her bir elementi janlandyryp göz öñüne
getirmekligiň özi belli bir gadymy düşünje sistemasyny
aňladýar. Bu sistem öz içinde belli düzgün-tertip bilen
bir-birine baglydyr. Häzirki açyşlaryň görkezişine görä
şeýle mifologik düşünjeler gadymy döwürler üçin adaty
hem-de kanunalaýykdyr. Bu sistem däp-dessur
filosofiýasy, dünýä we onuň ýaradylyşy barada örän
açyk suratlandyrylmalary öz içine alýar. Häzirki
döwrüň ylmy işgärlerine aţdarhalar hem beýleki geň
galdyryjy haýwanlar hakyndaky gürrüňler, ýönekeýje
ertekiler ýaly görnüp biler. Emma welin gadym
eýýämlerde bu zatlara hakyky ýaşaýşy beýan edýän
dünýägaraýşyň doly hem kanunalaýyk düşünje sistemi
hökmünde baha berilipdir. Altyndepede hem şulara
16
Vadim M. Masson „Das Land der Tausend Städte“ Berlin-1987, s.
34-35
35
meňzeş dünýägaraýyşlar giň ýaýrapdyr diýip bileris.
Diňe aý bilen gatnaşykdaky “Asman Öküzi”niň
suratynyň özi, bu ugurda inkär edip bolmajak
subutnamadyr diýip hasap edip bolar…
Bu ugurda ýene-de gaty köp sanly möhürler örän
gymmatly maglumatlary ýüze çykarýar. Olaryň köpüsi
dürli haýwan şekillerini özünde saklaýar: Dag
geçileri(tekeler), ganatlaryny ýaýan guşlar, haýbat atyp
duran barslar… emma olar örän çylşyrymly görnüşde
ýüze çykýar. Mysal üçin gurbanlyk berilýän ýerdäki
mazardan goşa kelleli guş suratly möhürler tapylýar.
Şäheriň ýokarky gatlaklaryna degişli böleginden bolsa,
bir fantastik görnüşli; göwresi otlayjy malyňky, öň
aýagy guş dyrnakly penjeli, çüňki jaýtaryp duran, uly
hem agyr kelleli bir ýabany haýwanyñ suraty çykdy.
Aýratyn gyzykly zatlaryñ biri-de gurbanlyk berilýän
ýeriň mazarçylygyndan tapylan, ýüzünde üç kelleli
aţdarha suratly kümüş möhürdir. Bu äpet uly hem geň
galdyryjy heýkeller, şu aşakdaky haýwanlaryň
garyndysyndan ýüze çykýar: pişige meňzeş ýyrtyjy
haýwan, bürgüt we balyk. Möhürlerde ýylan suratlaryñ
köp gabat gelmegi, Altyndepäniň özboluşly aýratyn
suţetidir(esasy mazmunynyň belgisidir), onuň has
gyzykly tarapy bolsa aý simwoly bilen baglylykda ýüze
çykmagydyr. Şeýle nusgalaryň birisi “ýarym aý”
görnüşli möhür heýkelidir, onuň içinde towlanyp ýatan
ýylan hem bar. Ýene-de bir bronz möhürde hem şular
ýaly ýagdaý gaýtalanýar, ýöne ýary aý bir “haç”(atanak)
bilen hem bezelipdir. Aý belgisi altyndan ýasalan öküz
kellesiniň heýkeliniň ýüzünde-de bar. Şeýle nusgalaryň
dowamynda bir üýtgeşiklik hem göze ilýär, ýagny edil
şol ýagdaýdaky simwollarda öküzüň ýerine bir ýylan
ýüze çykýar. Şeýle ýagdaý gadymy şäheriň aýry-aýry
böleklerinde gabat geldi. Belki-de bu ýerde ýylan-öküz
36
garyşykly iki jynsdan döredilen haýwan şekilleriniň
başlanan ýeri bolup, soň-da aţdarha-öküz görnüşine
öwrilendir. Haýsy ýagdaýda-da bolanda, Altyndepede
mifologik suţetleriň örän işeňňir hem giň möçberde
ösendigi welin şüphesizdir. Ol sungat ýadygärlikleriň
manyly beýanlarynda saklanyp galypdyr.
Şeýlelik bilen biz uzak ýyllar geçiren gazuwagtaryşlarymyzdan soň, Altyndepe harabalarynyň bize
saklap galdyran zatlarynyň esasynda, bu ýeriň gadymy
jemgiýetinden belli derejede düzgün-tertipli bir görünüş
(teswir) bermegi başardyk. Ähli deliller, barha ösýän
şäher düzgünini görkezýär, onuň çygrynda bolsa iş
bölünşiginiň ýüze çykan gadymy ilat döräpdir. Güýçli
hem gyzma asman öküzi görnüşünde ýüze çykan aý
taňrysynyň ybadathanasy bolsa belli derejede bu şäheriň
emblemi (manyly belgisi)dir. Kim bilýär? Belki-de
şäheriñ siýasy düzgüni teokratik (dini häkimiýet)
esasynda bolandyr.
Günorta Türkmenistanda ýerleşýän Altyndepe,
bronz döwrine degişli ýeketäk hadysa däldir. Muňa
meňzeş ýene bir merkez hem Kakanyň ýakynynda
ýerleşýän “Namazgadepe”dir. Harabalaryň sanynyň
çenden aşa köpligi sebaäpli ol, “mukaddes öküzleriň”
şäheridir. Günorta Türkmenistanda ýene-de birgiden
kiçiräk ilatly we medeni taýdan Altyndepe ýaly şäherler
gabat gelýär…
Ýokarda agzalan alamatlaryň baryny jemlemek
bilen biz, Garagumyň töwereginde ýüze çykan, şu güne
çenli tanalmadyk örän ösen we gadymy gündogar
oturumly medeniýetinden gürrüň etmelidiris…Bu ýerde
biz gadymy orta-gündogaryň şäher medeniýetiniň taryh
kitabynyň birinji sahypasyny we soňraky medeni
ösüşleriň örän ähmiýetli hem manyly bölümini
görýäris…
37
Ýene-de bir aýratyn ähmiýetli mesele bolsa,
Altyndepe medeniýetiniň ýokdan (noldan) döremän,
boşlukda dowam etmän eýsem, öz goňşulary hem-de
döwürdeş medeniýetleri bilen baglylykda ýüze çykyp
dowam edendigidir. Bu medeniýetiň bronz döwründe iki
däbi yzarlandygy esassyz däldir; birinjiden, özüniň
gadymy baýlygyndan, ýagny Günorta-Türkmenistanyň
has gadymy, giçki neolitik döwrüne degişli ekerançylyk
medeniýetinden, ikinjiden bolsa başda Mezopotamýa
bolmak bilen beýleki ösen medeniýetleriň täsirinde ýüze
çykan özboluşly däplerdir…
Ýerli däpler bilen Mezopotamýa däpleriniň
arasyndaky meňzeşlikleriň örän gyzykly nusgasy,
altyndan ýasalan öküz kellesiniñ heýkelidir. Paralel
çyzyklar arkaly üns berilen gaşlaryň hili, iki ýana gerilip
duran altyndan oturdulan gulaklaryň keşbi, ýarym
pöwrize bilen bezelmegi ... bularyň bary bizi gözbaşyny
“Ur” şäherindäki şalaryň mazaryndan alyp gaýdýan
Sumerleriň öküzler dünýäsine äkidýär. Emma
Altyndepedäki öküzleri Sumerde ulanylan lazurit daşy
däl-de pöwrize daşy bilen bezelipdir. Munuň üstesine-de
bu ýeriň heýkeltaraşlygynda öküzleriň tumşuklarynyň
köplenç ýagdaýda doňuzyňka meňzeş bolmagy-da
Günorta Türkmenistanyň ýerli däbini orta çykarýar;
şuňa meňzeş tumşykly bir kiçijik öküziň daşdan ýasalan
figurasy hem, Günorta Türkmenistanda giçki daş
asrynda ýüze çykypdyr.
Altyndepe
medeniýeti
bilen
Hindistan
jülgesindäki “Harappa” mdeniýetiniň arasyndaky
gatnaşyklar-da az gyzyklanma döretmeýär. Birgiden
obýektler-inli gamalardan meşhur küýze biçüwlerine
çenli- Harappa önümleri bilen göniden-göni meňzeşlik
ýüze çykýar. Emma iň üns çekiji närse, pil dişinden
ýasalan zatlaryň Altyndepeden tapylmagydyr. Olaryň
38
göni Hindistandan getirilen bolmagy gaty ähtimaldyr.
Mysal üçin gurbanlyklary kabul edýän ruhanynyň
mazaryndan tapylan monjuk düzümleri, ýasy dörtburç
hem tegelek oýunjaklar we her ýüzi aýry-aýry zatlary
aňladýan suratly dörtgyraň taýajyklar ...
Gadymy Türkmenistan-Hindistan gatnaşyklary
baradaky
inkär
edip
bolmajak
subutnama,
Altyndepeden tapylan “protohind” tipli möhürlerdir.
Biriniň ýüzünde bir atanak, ýene birinde bolsa öň-de
belläp geçişimiz ýaly bir ýazuw belgisi bar. Bu zatlaryň
hemmesinden şeýle bir düşünje ýüze çykýar: irki
Hindistan bilen Mezopotamýa arasynda, bir tarapdan
günortadaky deňiz ýollary bilen gatnaşyk bolan bolsa,
ýene bir tarapdan Demirgazyk Owganystan aşyry OrtaAsýa uzalyp gidýän ýollar arkaly hem gatnaşyklar
bolupdyr. Garagum çölüniň töweregindäki köne şäher
merkezlerinden tapylan ähli zatlar-da bu pikiriň üstüni
ýetirýär. Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryşyň ilkinji
ýyllarynda öňe sürülen bu hipotez (nazaryýa) indi has
aýdyň tassyklanýar ...”17
Biz bu ýerde örän ähmiýetli bir meseläni göz
öňünde tutmalydyrys:
Alymyñ
ýokarda
gadymy
TürkmenistanHindistan medeniýetleriniň garşylykly täsiri hakyndaky
açyklamalary Hindistanyň has gadymy we Arylaryñ
heniz ol ýurda aralaşmadyk döwründe ýaşan we heniz
hem ýaşaýan“Drawidi” dilli halkyň medeniýetine
degişlidir. Ol halkyň düzüminde bolsa ýokarda birinji
bölümde-de belläp geçişimiz ýaly b. e. oz. IV-nji
müňýyllygyň aýaklarynda Gönorta Türkmenistandan
göçüp giden we şol gadymy harappa medeniýetiniň
döremeginde uly rol oýnan ilat hem bardyr. Ähli taryhy
çeşmeleriň açyklamasyna görä bu günki Hindistanyň
17
Ýene şol ýer, s. 40-43. gysgaldylyp alyndy
39
ilatynyň esasy bölegini düzýän Arylar (Arianlar)
diýilýän ilat bolsa, diňe biziň eýýämimizdan öňki birinji
müňýyllygyň başlarynda Hindistana girip gadymy
ýaşaýjylary gysyp günorta Hindistana tarap sürüpdirler.
Iltisaky (agglutinativ) dilli şol gadymy ilat şu gün hem
Tamil, Indirapradaş, Medres ýaly ýurtlarda ýaşaýarlar
we tutuş Hindistan ýarymadasynyň ilatynyň takminan
dörtden birini düzýärler.18
V. M. Masson soň, Altyndepe we tutuş Günorta
Türkmenistan baradaky gürrüňini şeýle jemleýär:
“...biz bu hakykatlary şeýle jemläp bileris:
Altyndepe medeniýeti örän giň gündogar medeniýetiniň
parlak bir bölegi bolandygy öz-özünden bellidr. Munuň
aýdyň beýany, Mezopotamýanyň medeni normlary we
onuň Harappa medeniýeti bilen ýakyn gatnaşygydyr. Bu
iki medeniýetiň galtaşan nokatynda ýerleşen Altyndepe
bolsa bu medeniýetleri birleşdirip, gündogaryň dürli
ýurtlarydyr halklarynyň bir-birine garşylykly täsiri
astynda çylşyrymly ösüş prosesini başdan geçiripdir.
Arheologik barlaglaryň netijesi bize iki sany
soraga belli derejede açyk jogap bermäge mümkinçilik
üpjün edýär: Altyndepäniň oturum ýerleriniň umumy
keşbi nähili eken?, bronz asyryna degişli adatdan daşary
oňat ýadygärlikleri nähili düşünmeli we beýan etmeli?.
Has çylşyrymly mesele bolsa üçünji soraga jogap
tapmakdyr:
Nähili ykbala uçrap bu Orta-Aziýanyň iň gadymy
medeniýeti terk edilipdir?. Çünki gazyp çykarylan
materýallar Altandepe medeniýetiniň çökmegi belli bir
katastrofanyň (weýrançylygyň) täsiri bilen bolman
eýsem, ýuwaş-ýuwaşdan çöküp çöllüge öwrilendigini
subut edýär. Başda şäheriň medeniýet merkezi we
18
Seret: B. Gerey 5000 ýyllyk Türkmen-Sumer baglary, Istanbul-2005,
s. 39
40
ýokary gatlaklaryň bölegi (etrapy) boşadylypdyr hem-de
şäheriň
günbatar
böleginde
ýaşaýyş
şertleri
agyrlaşypdyr, soň bolsa şäher durşuna terk edilipdir.
Weýrançylykdan ýa-da gyrgynçylyk ýüz bermeginden
hiç hili nyşan ýok. Bar bolan belgilere görä ýaşaýjylar öz
öylerini gerek-ýarak zatlaryny ýanlaryna alyp terk
edipdirler. Şonuň üçin hem arheologlar onda-munda
olaryň ýatlaryndan çykaryp galdyran küýzeleridir
heýkelleri bilen kanagatlanyp oňa begenýärler. Bu
bosgunçylygyň sebapleri doly belli däl, ýöne şeýle bir
çaklama öňe sürülýär; ýagny önümçilik ukybi az bolan
hem-de dagdan inýän çeşmejikler bilen suwarylýan çäkli
ekin ýerleriň garşysynda ilat sanynyñ köpelmegi, şeýle
göçe-göçlige sebäp bolandyr. Ýene-de bir topar delilleriň
subut etmegine görä, Orta-Aziýada b.e.oz. III-nji
müňýyllykdan II-nji müňýyllyga geçiş döwri howanyň
ortalama ýylylyk derejesiniň ýokarlanmagy, klima
gurakçylygyň artmagy hem-de toprak süýşmeleri ýüz
beren bolmaly ... Altyndepe töwereginde suwaryş usully
ekerançylygyň ýaýramagy iň azyndan b.e.oz. V-nji
müňýyllygyň ikinji ýarymyndan başlanypdyr. 2,500
ýylyň dowamynda topraklaryň barha güýçliräk
ulanylmagy, şol döwriň ýerden peýdalanmak şertlerinde
çykgynsyz ýagdaýa alyp baran bolmagy-da mümkin.
Altyndepeliler bu we ýa beýleki bir agyr ýagdaýa
hem zerurlyga uçran bolup bilerler, emma olar özleriniň
ruhybelentligini we döredijilik ukybyny ýitirmediler.
Medeniýet ojagy bu gezek gündogarrakda, Murgabyň
aýagynda we Amyderýanyň orta akymynda gyzyp
başlady. Şu ýerlerde (hem-de dogduk ýurtlaryndan
barha uzaklaşýan ýerlerde) b.e.oz. II-nji müňýyllyga
çenli dowam edýär. Olaryñ oturum ýerleri
arheologlaryň 70 ýyl süren işleriniň netijesinde Günorta
41
Özbegistan hem Demirgazyk Owganystanda-da ýüze
çykaryldy ...
Belli bir ähmiýete eýe bolan däpleri özleri bilen
getiren gelmişekler, ýerli ýaşaýjylara goşulyp eräp
gidipdirler. Emma mundan başga-da Hazar we
Garadeňiz töwereklerindäki uzak çöllerden, alymlaryñ
bir toparynyň “Hindi-Eýran dillileriň ýaýramagy” diýip
atlandyran taýpalary-da gelip Orta-Asýa we goňşy
ýurtlara aralaşýarlar. Bu medeniýetleriň sentezi hem
transformasy (badaşyp täze bir forma öwrülmegi), ýüze
çykan çylşyrymly täze medeniýetiň alamatlary hem
aýratynlyklarydyr. Emma gadymy ýerli medeniýetiň
ýitip giden bolmagy welin asla mümkin däldir.
Ähli deliller, Orta-Asýanyň bronz döwrine degişli
bu şäherleşen medeni gatlagynyň örän manyly rol
oýnandygyny barha güýçli tassyklaýar. Harappa
medeniýetine degişli döwürlerde ýüze çykan köp sanly
dini düşünjelerdir şekillendirmeleriň, soňra bu ýa
beýleki şekilde “induizm” ynanjyna girenligi bellidir.
Bar bolan ähli görkezijilere görä bu hakykat
“Zaratustra” taglymatlary barada-da şeýledir, ýagny
onuň (Zaratustranyň) bronz döwriniň gülläp ösen
medeniýetiniň, dünýä durmuşy baradaky düşünje
sistemine göz ýumup geçen bolmagy mümkin däldir. Biz
bu yerde diňe Äwestanyň mifologiýasyndaky meşhur
gorkunç aţdarhasyny ýatlatýarys; ony (aţdarhany)
eposdaky bir gahryman söweşde ýeňip, adalatyň üstün
çykmagy hökmünde ýeriň ýüzünden ýok edýär.
Düşündirilşine görä bu aţdarhanyň üç kellesi, üç boýny
we alty gözi bar. Bu barada, Altyndepeden tapylan örän
özüne çekiji möhriň ýüzündäki edil şoňa meňzeş üç
kelleli äpet jandar bilen awestadaky aţdarhanyň
baglanşygyny göz öňüne getirmesizlik mümkin däldir.
Awestada teswir edilen bu haýwan düşünjesi
42
(Altyndepedäki) şol äpet jandaryň esasynda döredilen
we onuň netijesi bolan bolmagy-da bolmajak hadysa
däldir. Her halda, bronz döwriniň beýik medeniýeti we
ol siwilizasýadaky dünýägaraýyş, yene-de täze ruhy
önümleriň ýüze çykmagyna esas döretdi, olaryň
ähmiýetlileriniň biri-de Zaraustra taglymatynyň
döremegidir. Ol, Müsüriň hem Mezopotamýanyň
gadymy dinlerine garanyňda, ahlak hem filosofik taýdan
yokary derejede durýar.
Emma bu gün Altyndepäniň şol gadymy
medeniýeti haraba öwrülipdir. Ot-çöp basan depäniň
dymyp oturşy, şu aşakdaky gaýgyly Sumer elegiýasyny
hakyda getirýär:
Şäheriň daşynda, şäheriň töweregi durşuna
ýumrulypdyr,
Waý meniň säherim! Diýýärin men.
Şäheriň iç ýüzünde, şäheriň içi durşuna
ýumrulypdyr,
Waý meniň öýüm! Diýýärin men.
Meniň öýlerim, şäheriň içinde durşuna
ýumrulypdyr,
Waý meniň ýurdum! Diýýärin men.
Meniň şäherim, edil günäsiz bir goýun ýaly,
goralmaýar!
Ony goraýan çopan eýýäm uzaklara gidipdir!”19
Indi iň soňky açyşlara esaslamak arkaly Günörta
Türkmenistan medeniýetiniň Mary topraklaryndaky
dowamy bilen tanyş bolalyň:
“Bu topraklary özleşdirmäge synanyşyklar
baryp biziň eýýamymyzdan ozalky IV müňyyllygynyň
ortalarynda
günorta-gündogar
Türkmenistandan
Murgabyň gadymy hanasyna birlän-ikilän toparlaryň,
19
V. M. Masson, ýokarda ady geçen çeşme, s. 44-45
43
ýagny “Göksüýri” diýip at alan taýpalaryň göçüp başlan
wagtlary başlanypdyr. Ýöne, mälim bolşy ýaly,
“göksüýrileriň” bu göçleri olara üstünlik getirmedi olar
gadymy Margiýanany (Maryny) taşlap gitmäge mejbur
boldular. Muňa Kelleli oazisindäki ornaşmadyk
ýaşaýşyň galyndylary we Demirgazyk Goňurdan tapylan
göksüýrileriň surat bilen bezän küýzeleriniň owunjak
bölekleri şaýatlyk edýär.
Diňe
biziň
eýýamymyzdan
ozalky
III
müňyyllygyň soňky asyrlarynda Murgabyň bol suwly
gadymy hanasynyň boýuna ekerançylar kowçumkowçum bolup göçüpdirler. Bereketli topragyň gadryny
bilip başlan bu taýpalar özleriniň täze Watanynda
posýoloklary (şäherçeleri) we şäherleri
gurup
başlapdyrlar. Beýik Murgap düzlüginde daşyň asla
ýokdygy zerarly, täze göçüp gelen günortatürkmen
taýpalary günüň aşagynda guwradylan çig kerpiçden
gurluşyk etmek usulyny peýdalanmaly bolupdyrlar.
Muňa häzirki Göksüýri demirýol stansiýasynyň
(duralgasynyň) golaýynda biziň eýýamymyzdan ozalky
IV müňýyllyga degişli gümmezli binanyň arheologlar
tarapyndan açylmagy hem şaýatlyk edýär...
Basybalyjylary, köşklerde we ybadazhanalarda
ýerleşýän
gymmatbahaly
genji-hazynalar
özüne
imrindirip biljekdi. Şonuň üçin olar goranyşa ukypli
berk binalary gurupdyrlar. Binalaryň daşynda sowma
diwarlary çekip kerpiçden goşmaça goranyş desgalaryny
gurupdyrlar. Basybalyjylary islendik wagt peýkam bilen
ýok eder ýaly gizlin penjire ýerlerini goýupdyrlar. Soňky
döwürde geçirilen gazuw-agtaryş işleri muny doly
tassyklaýar...”20
20
Wiktor Sarianidi, “Goňurdepe, şalaryň we hudaýlaryň şäheri”.
Aşgabat-2005, s. 23-25
44
Belli bolşy ýaly jülgelerden göçüp derýalaryň
töweregindäki
giň
meýdanlarda
ýerleşen
atababalarymyz bu ýerde merkezleşen uly döwletleri
esaslandyryp başlapdyrlar. Bu täze medeniýetiň dürli
taraplary dogrusynda arheologlaryň gazuw-agtaryş
işleriniň netijesinde täze maglumatlar ýüze çykdy:
“Goňurdaky kremlde(içki şäher galasy) dört sany
monumental (ägirt uly) bina ýerleşipdir. Olary “Ot
ybadathanasy”, “Patyşa klisesi”, “gurban berilýän
ybadathana”
we
“suw
ybadathanasy”
diýip
atlandyralyň.
Olaryň
hemmesi
“kare”
diýip
atlandyrylýan goranyş ulgamynyň içinde ýerleşipdir.
Mundan başga-da toplumyň demirgazyk tarapynda
“köpçülikleýin naharlanyş” desgasy we “aýratyn
maksatlara” niýetlenen binagärlik desgalary bilen
baglanyşykly galyndylaryň üstünden baryldy...
Şunuň ýaly meýlleşdirilen ulgama gadymy
gündogaryň binagärlik däplerinde birinji gezek duş
gelindi we bu bolsa jedelsiz gadymy Maryguş (Mary)
ýurdunda gurluşyk işine aýratyn üns berlendigine we
dini däp-dessurlaryň hem-de beýleki urp-adatlaryň
çylşyrymlydygyna şaýatlyk edýär...
Eýýäm biziň eýýamymyzdan ozalky III
müňýyllygyň ahyrynda Maryda Ýakyn we Orta
Gündogaryñ aýratyn orun alan özbaşdak binagärlik
mekdebi bolupdyr. Bu meselä akademik “G. A.
Pugaçenkowanyň” birnäçe makalalary bagyşlanypdyr.
Mundan başga-da arhitektur M. A. Mämmedowyň
“Bakteriýanyň
we
Margiýananyň
gadymy
arhitekturasy” (Aşgabat, 2003) atly işi meni
arhitekturanyň taryhynyň has inçe we çäkli hünärli
ugurlaryny suratlandyrmakdan halas edýär...
Häzir Goňuruň goranyş diwarlarynyň we
binalarynyň galyndylary gazylan wagty, birnäçe müň
45
ýyl mundan ozal durmuşuň gaýnap joşan mahaly
gurluşuklaryň nähili görnüşde bolandyklary göz öňüne
getirmek bolar. Joşgunly Murgap derýasy özüniň bol
suwy bilen bu topraklary suwarypdyr. Bereketiň
mekany
bolan
bu
topraklarda
türkmenleriň
zähmetsöýer ata-babalary bugdaý ekipdirler, öý
mallarynyň sürülerini bakypdyrlar, bagy-bossan
döredipdirler, atlary seýisläpdirler, köşkleri we
ybadathanalary bina edipdirler, ussat senetçi ussalar
bolsa diňe bir durmuş hajatly zatlary ýasaman, gadymy
dünýäniň zergärçilik sungatynyň genji-hazynasyna
öwrilen nepis önümleri öndüripdirler.”21
Ýokardaky sözleriň awtory W. Sarianidi soň,
Türkmenistandaky irki Mary medeniýeti bilen
Demirgazyk Mezopotamýadaky şol döwürlere degisli
“Mari” medeniýetiniň arasyndaky gatnaşygy ýatladýar:
“... Biziň eýýamymyzdan ozalky III müňýyllykda
bu maksatlar üçin aryjaklary gazyp, onuň üstüni kerpiç
bilen örtüpdirler. Diňe käbir halatlarda, meselem,
Ýefrat derýasynyň kenarynda ýerleşen Mary (Mari)
şäherinde (häzirki Siriýa) kaşaň köşklerinde we
ybadathanalarynda ýokardaky ýaly ýörite drenaţ
ulgamy (hapa suwy daşaryk çykarýan turbalar)
peýdalanylypdyr. Gadymy Goňuruň kremlinde(içki
galasynda) edil şonuň ýaly ulgamyň peýdalanylmagy ony
şol döwrüň ösen merkezleriniň hataryna goýýar...”22
Arheologik barlaglaryň netijesi, Altyndepede
ýüze çykyp başlan dini ynançlaryň Maryda dowam edip,
kämilleşen görnüşde Hindistana we häzirki Eýranyň
çäklerine-de ýaýrandygyny subut etdi:
“Ýokarda aýdylşy ýaly, Haýyr bilen Şeriň
arasyndaky göreşiň dualistik meýlnamasy olaryň
21
22
Ýene şol ýer, s. 25-27
Ýene şol. S. 44
46
filosofiki ulgamynyň esasy bolup durýar. Bu ýagdaý
olaryň gündelik durmuşynyň, şahsy gatnaşyklarynyň
içinden eriş-argaç bolup geçýär. Boýna dakynylýan,
eyelerini her günde her hili belabeterlerden we
şowsuzlyklardan goran köp sanly tumarlara oýulyp
çekilen
kompozisiýalarda
diňe
şekillendirilen
personaţlar üýtgäp durýar, onuň baş taglymy – Haýyr
bilen Şeriň arasyndaky göreş taglymy bolsa saklanyp
galýar.
Zoroastryň dolulygyna täze dini döretmändigi,
eýsem diňe köne, köphudaýlylyk düşünjesini bütinleý
täze – birhudaýlylyk taglymatyna tabyn edip, şol
düşünjeleri özgerdendigi eýýäm öňräk dilçiler
tarapyndan bellenilip geçildi...
Käbir silindr görnüşli möhürlerde düýe idip
barýan adamyň şekili bolan sahnalar saklanyp galypdyr,
munuň özi Zaratuştranyň ady bilen baglanşykly
bolmagy mümkin, bu sözi bolsa dilçileriň köpüsi “altyn
öwüşginli düýeleriň eýesi” diýip, terjime edýärler. Ýerli
rowaýatlarda ýüzlerinde maýmyn keşbindäki örtük
bolan adamlara hüjüm edip, olary lak-luk agzyna atýan
gyňyr aţdarhalar hakyndaky hekaýatalr uly orny
eýeleýär. Ýüze çykarylan tapyndylardan görnüşi yaly,
bu süýuţetler Marguş rowaýatlarydyr hekaýatlarynda
has meşhur bolupdyr. Ýerli taýpalaryň ylym-medeniýet
babatda ösüşüniň ýokary derejesine baha bermek üçin
bu doly bolmadyk, üzlem-saplam maglumatlar hem
ýeterlikdir. Gelmişek taýpalar, özleri bilen MezopotamAnadoly toparynyň bu babatda gazananlaryny hem
getiripdirler, şol edim-gylymlar bolsa günorta türkmen
edim-gylymlary bilen goşulyşyp, bütin dünýäde ýene-de
uzak wagtlap haýran galdyrjak we aňk etjek ylymmedeniýet derejesini döredipdir.”23
23
W. Sarianidi, „Marguş“, Aşgabat-2002, s. 284-5
47
Bu ýerde biz, taryhy hakykatlary - dürli
garaýyşlaryň bir-birini kämilleşdirmegi arkaly- has
dogrurak öwrenilmeginiň hatyrasyna, ýokardaky
sözleriň awtory arheolok W. Sarianidiniň örän dogry
hem gymmatly sözleriniň arasynda köp ýerde
gaýtalanýan iki sany ýorumy bilen ylalaşmaýanlymyzy
belläp geçýäris:
1- Alym sözüniň dowamynda bir tarapdan bronz
asryna degişli bu medeniýetleriň Türkmenistanyň ýerli
önümidigini nygtasa, ýene bir tarapdan bolsa onuň
günbatardan, has anygy “Gresiýadan” (Ýunandan)
gelipdir diýen pikiri öňe sürýär. Emma welin ylmy
çeşmelerde şol sanda internet saýtlaryna giren iň soňky
maglumatlara görä, bu ýerde gürrüňini edilýän döwürde
ýagny b.e.oz. III müňýyllykda Ýunanda heniz ösen
medeniýet ýüze çykmandyr. Ol ýerde medeniýet has
soňrak bürünç (bronz) asyrynyň aýaklarynda
döredilipdir. Ýagny, b.e.oz. 1700-nji ýylda Kret
adasynyň üsti bilen daşardan, gündogardan gelen
“Mino” medeniýeti (Minoische kultur) bilen b.e.oz.
1600-nji ýyla degişli yerli “Myken” medeniyetiniň
(Mykenische kultur) birikmeginden ýüze çykypdyr.
Ilkinji minaralardyr ybadathanalar bolsa b.e.oz. 580-nji
ýyllarda ýüze çykypdyr (seret: www.griechenlandinfos.de/index1.htm). Bu mesele barada tanymal
Amerikan alymy “Will Durant” özüniň dünýä meşhur
“Adamzat medeniýetiniň Taryhy” atly uly eseriniň
birinji tomunda, adamzat medeniýetiniň iň esasy
ojaklarynyň
başynda
“Türkmenistanyň
Änew”
medeniýetiniň gelýändigini nygtamak bilen, sözüni şeýle
jemleýär:
“Ýazuwa geçen taryhyň azyndan 6 müň ýyl ýaşy
bar. Biziň elimizdäki maglumatlara görä bu döwrüň deň
ýarysynda ynsanlyk hereketiň merkezi ýakyn gündogar
48
bolupdyr. Ýakyn gündogar diýip gümürtigiräk salgy
bermekden biz, bütin Gündogar-Aziýany göz öňünde
tutýarys. Bu giňişlik, Orsýet we Garadeňziň
günortasyny, Ýakyn-Gündogar bilen gatnaşykda bolan
Müsüri-de öz içine alýar.
Bu giňişlikde ýaşaýan örän işeňňir hem dörediji
halkyň döreden dürli medeniýetleriniň bir-birine ýetiren
garşylykly täsiri netijesinde: Ekerançylykdyr söwda
gatnaşyklary, at ýetişdirmekdir araba ýasamak, zikge
kakmakmakdyr kredit düzgüni ýola goýmak,
dokmaçylykdyr el işleri, döwlet hem kanun, ýazuwdyr
elipbi, matematikdir meditsine, ylmy esasda ýer suwaryş
sistemasy, geometriyadyr astronomiýa, edebiýatdyr saz
sungaty we… ýüze çykypdyr. Şu günki Emirkanyň we
Ýewropanyň medeniýeti-de Kret adasy, Ýunan hem
Rimiň araçlygy bilen, gönüden-göni şol medeniýetlerden
gelip çykypdyr…
Ýunan şäherleri özlerinden 3,000 ýyl öň
gündogarda döredilen medeniýetden peýdalandylar.
Şeýlelikde olaryň daşardan alanlary öz döredenlerinden
has köpdir.
Eger-de biz öz medeniýetimiziň hakyky
esaslandyryjylaryny sylamak isleýän bolsak, Gündogara
minnetdar bolmalydyrys.”24
2Alym,
Türkmenistan-Mezopotamýa
gatnaşygyny köplenç ýagdaýda dilleri “Urat-Altaý” dil
topary bilen bir gurupda durýanlygy hem-de OrtaAziýadan göçüp barandyklary, sumerolog alymlaryň
tarapyndan ykrar edilen “Sumerler” bilen däl-de eýsem
samid kowmlaryndan bolan “Akkadlar” bilen
bolandygyny tassyklamaga ýykgyn edýär. Emma W.
Saianidiniň özüniň gatnaşmagy bilen 2001-nji Ýylda
24
: Will Durant „Kulturgeschichte der Menschheit“ Köln-1985, s. 109110 we s.115
49
Goňurdan Tapylansoñ, Amerikanyň Pensilvanniýa
Uniwersitesinde okadan pahna ýazuwynyň Akkad
dilinde däl-de eýsem Sumer dilinde bolmagy-da, şol
gatnaşyklaryň Sumer medeniýeti bilen bolandygyny
subut edýär. Bu ýerde pahna ýazuwy we umuman
Mezopotam medeniýetiniň Sumerler tarapyndan
döredilendigini-de göz öňünde tutmalydyrys. Elbetde,
Akkedler-de Sumerleriň mirasdüşeri hökmünde olaryň
mukaddes hasaplanan dilini we medeniýetiniň dürli
görnüşlerini saklap soñky döwürlere galdyrmakda,
belki-de dünýä ýaýratmakda uly iş bitirendiklerini
sumerologlar nygtaýarlar.
Bu ýerde ýene-de bir zady göz öňünde
tutmalydyrys, ýagny has irki döwürlerde ynsan göçleri
hem-de medeni akymlar, planetamyzyň geologiki
özgerişlerine uýgunlykda, uly medeniýetleriň ojagy
bolan Orta-Aziýanyň dowamly guraklaşmagy zerarly,
gündogardan günbatara tarap bolupdyr. B.e.oz. altynjy
ýüzýyllykdan,
ýagny
Aleksandr
Makedonlynyň
(Isgender Zulkarneýniň) basybalyjylykly hereketinden
öň, belli derejedäki söwda gatnaşyklaryň daşynda,
Günbatardan Gündogara uly bir ilat göçi we medeni
akymy hakynda maglumat henize çenli biziň bilýän ylmy
çeşmelerimizde gabat gelenok.
Ýokarda agzalan dini ynançlaryň yzlaryna biz bu
günki
türkmenleriň
dilinde,
däp-dessurlarynda,
ertekilerinde, atalar sözünde, edim-gylymlarynda gabat
gelýäris. Mysal üçin köp hudaýlylyk ynanjynyň
galyndylary: belli depäniiň,
belli deräniň, belli
olumlaryň göze görünmeýän eyeleri barlygyna
ynanmak, şonuň ýaly-da dünýäni ýagşy-ýaman
ruhlardyr jynlardan doly görmek hem-de özlerini
ýaman ruhlardan we gözden-dilden goramak üçin dogatumarlar dakynmak we şuňa meňzeşler. Edil seýle
50
ynançlaryň Sumerlerde-de bolandygy hakynda biz
birinji işimizde (5000 ýyllyk Türkmen-Sumer gatnaşygy,
Istanbul-2004) durup geçipdik. Şu mesele bilen
baglylykda türkmen alymy G. Kyýasowa-da şeýle
ýazýar:
“Geçmişde ýaşy bir çene baran enelerimiziň,
mamalarymyzyň dakynan mukaddes şaýlarynyň ýenede biri heýkeldir. Heýkel dörtburç gapyrjak şekilli
bolup, ýerligi kümüşden ýasalypdyr. Onuň ýüzüne
hakyk gaşlary oturdylyp, gyzyl çaýylypdyr. Nerrek,
hüwi ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Onuň gerdenden
asar ýaly edilip ýasalan gaýyşbagynyň ýüzi kümüşden
bolan owunjak guşgözi ýa-da goçbuýnyz bilen bezelýär
we oňa heýkelbagy diýilýär. Halk arasynda bu şaýyň
gelip çykyşy bilen baglanyşykly bir gyzykly gürrüň bar.
Gadym wagtlarda yslam dininiň bu töwereklere
ýaýramazyndan öň, ýagny köphudaýlylyk zamanasynda
her adam öz hudaýynyň şekilini özüniň ýantorbasynda
göteripdir we oňa uýupdyr...
Soňra yslam dininiň gelmegi, Gurhanyň döremegi
bilen, heýkele (ýantorba) hudaýyň şekilini salyp
götermeklik besedilip, onuň deregine zergärlerimiziň
çeper ellerinden çykan, kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl
çaýylan heýkel ulanyp başlanýar...”25
Oda
çokunmak
(otparazlyk)
hem-de
Zaratustranyň (Sarydüýeli, sary düýeleriň eýesi)
doalizme esaslanan dini ynançlarynyň yzlary-da
türkmenlerde saklanyp gelýär. Muňa iň gyzykly hem
manyly mysal bolsa, türkmeniň öz ýaşaýan ýerine
ýaşaýşyň simwoly hökmünde “ot” sözünden gelip çykan
“otak”(Türkiýe türkçesinde oda) we “ojak”(otjak) diýip
at bermegidir diýip düşünýärin. Mundan başga-da
25
G. Kyýasowa, “Gadymdan galan nusgalar”, Miras jurnaly 4/2003, s.
54
51
türkmen dilinde “ot astynda bela galmaz”, “ot oraz, gan
gazanç” ýaly ençeme atalar sözi hem-de söýgiň hem
wepalylygyň beýany bolan , “ody bilen girip küli bilen
çykmak” ýaly arzuw sözleri-de örän manylydyr. 1999njy ýylda Aşgabatda “Gorkut Atanyň 1500 ýyllygy” ady
bilen geçirilen konfransda merhum prof. Nazar
Gullanyň “Gorkut” sözüni “Mukaddes Ot” diýip many
etmesi-de esassyz däldi. Ýagny “gor = köz, ot” we “kut =
mukaddes”. Ot hakdaky şeýle düşünjeler megerem
haýsydyr
başga
bir
milletde
şu
derejede
umumylaşmadyk bolsa gerek.
Türkmen alymlary dogruçyllyk bilen, haly we
keçäniň ak-garadan ybarat gyra ngşyny, gözden-dilden
goranmak üçin dakylýan doga-tumarlaryň alaja
baglary, iň mukaddes görülýän çaga sallançagynyň
üwrelýän bagynyň ak-garadan işilen ýüpden edilmegini,
ertekilerde dowamly gaýtalanýan “Gara döw”, “Gara
jyn”(ýamanlyk simwoly) we “Ak döw”, “Ak
jyn”(ýagşylyk simwoly) ... Zaratustra dininiň esasy
bolan dualizmiň gönüden-göni galyndysy hasap
edýärler.
Bu bölümde iň esasy ylmy işlere salgylanmak
arkaly gözden geçiren bronz asyryň biziň temamyza
degişli
üç
sany
umumy
aýratynlyklary
şu
aşakdakylardan ybaratdyr:
1- Bu döwürde Türkmenistanyň medeniýeti
özüniň ösüş prosesini gadymy Mezopotamýa hem
Hidistanyň Harappa medeniýetleri bilen gatnaşykda we
garşylykly täsir astynda dowam etdiripdir. Ol
medeniyetler bolsa aslynda, öňki döwürde ýagny neolit
(daş) asyrynda Günorta-Türkmenistandan göçüp giden
baý tejribeli ilatyň, ol ýurtlaryň ýerli tejribelerinden
hem peýdalanmak arkaly esaslandyrylypdyr.
52
2- Bu döwürde-de öňki daş asyrynda bolşy ýaly
dürli ýaraglardan we gyrgynçylykly uruşlardan hiç hili
nyşan tapylmandyr. R. Pumpelly munuň sebäbini şol
jülge medeniýetleriň dünýäniň beýleki toplumlaryndan
üzňelikde dowam edenligindedir diýip düşündirýär26.
Başga bir çeşmede bolsa munuň sbäbini şol döwrüñ
şertlerinde gul eýeçilige esaslanyp merkezleşen
döwletleriň döremänliginde görýär:
“Günorta
Türkmenistanyň
bürünç
asyry
eýýamyndaky jemgyýetçilik gurluşy häsiýetlendirilende,
tebigy şertleri hem nazara almak gerek... Köpetdag
eteklerindäki oazislerde (jülgelerde) ekerançylyk kiçiräk
çeşmeleriň suwaryş üçin peýdalanylmagy bilen
baglanşykly bolupdyr. Bu yerde uly irrigatsiýon
(suwaryş) desgalary döretmeklik-de, irrigatsiýon
hojalygy dolandyrmagyň çylşyrymly sistemasy-da zerur
bolmandyr. Kiçiräk bulaga ýa-da çeşmä esaslandyrylan
suwaryşy
guramaklyga
aýry-aýry
ilkidurmuş
obşinalarynyň (ortak eýeçilge daýanýan obalar) hem
güýji doly derejede ýetipdir...”27
3- Bu döwürde, Ärsaklar (Part) döwründe-de
ynanylan “Zaratustra” dininiň esasy Türkmenistanda
döräp kämilleşýär hem-de başga ýurtlara, ylaýta-da
Hindistana we häzirki Eýranyň çäklerine ýaýraýar. Bu
diniň mukaddes kitaby hasaplanýan “Awesta” bolsa öň
haçan we haýsy dillerde saklanyp ýazylandygy belli däl,
onuň häzirki iň gadymy nusgasy Hindistanda ýazylan we
internet saýtlaryndaky iň täze maglumatlara görä has
soňky döwre ýagny miladi hasaby bilen 1278-nji ýyla
degişlidir (seret:www.wikipedia.org/wiki/avesta). Bu
kitap häzir Danemarkanyň milli kitaphanasynda
saklanylýan bolmaly. Bu kitapda birgiden türk
26
27
Raphael Pumpelly, Änewiň gadymy ösüsi, s. 65-66
Türkmenistanyň Tryhy, I. Jilt -1959, s. 51
53
sözleriniň barlygyny dilçi alym hem gezmermen
(siýahatçy) “Arminus Vambery” baryp 19-njy asyryň
aýaklarynda ýazypdy. Eger-de onuň gadymyrak nusgasy
tapylsa, türkmen dili bilen göni baglanşygy
boljakdygyna ýokarda gözden geçirilen hakykatlary göz
öňünde tutmak bilen doly ynanýaryn. Takmynan 15 ýyl
mundan öň Türkmensäraly dostum Aýmämmed
Aýmämmedi, Eýran gazetleriniň birinde (Ýol gazeti,
1373 Şemsi ýyly) çykyş edip, Awesta tekstini okamak
ugrunda işleýän Ýewropalylaryň we olara öýkünmek
bilen Eýranly alymlaryň 200 ýyl bäri Awesta tekstini
dogry oakap bilmeýändikleriniň sebäbi “olaryň diňe
Hindi-Ýewropa dilleriniň çygrynda okajak bolup beýleki
dilleri äsgermeýändigidir” diýen düşünjäni öňe sürdi.
Ol, eger-de şol gury täsipden el çekip, bu ugurda
Türkmen we Äzerbeýjan türkçesinden peýdalansalar
has gowy netije çykaryp biljekdiklerine mysal
hökmünde, Awestanyň tekstiniň şol alymlaryñ okalan
ýerinden birnäçe sözlemi Türkmen-Äzeri we pars dilleri
bilen garşylaşdyryp derňedi, onuň bir sözlemi şeýle:
Awestada: EY ÄR YEME IŞU
Türkmençe terjimesi: IG ÄRLERIME ÜÝŞMEK (ig
ärler üçin üýşmek = ýokary gatlaklar üçin gurulan
ýygnak)
Parsça terjimesi: ÄZ BÄRAYE BOZORGZADEGANE
NÄR ÄNJOMÄN.
Görşümiz ýaly Awestanyň sözlemi şu günki
Türkmen dilinden, hem grammer (grammatika) taýdan
hem-de söz meňzeşligi garaýyşdan (nutaýynazardan)
onçakly tapawudy ýok. Mysallardaky galan sözlemler-de
edil şonuň ýalydy.
54
Türkmenistan: Gümüşten yapılmış bir kap(M.ö.3-2. binyıl)
55
Tanrıça heykelleri
Türkmenistan: Dini motifili bir kap(M.ö.3-2. binyıl)
56
III- “Türkmenistanyň demir döwri”
we
Sak (Skit) taýpa birliginiň ýüze çykmagy
(b. e. oz. II. Müňýyllykdan beýläk)
Ähli çeşmelerden hem-de arheologik barlaglaryň
netijesinden belli bolşyna görä Türkmenistanyň bütin
taryhynyň
dowamynda
Köpetdag
eteklerindäki
oturumly jülge medeniyeti bilen bir wagtyň özünde
demirgazyk we günbatar sähralarynda, olar bilen
garyndaş çarwa taypalar hem ýaşapdyrlar. Hakykatda
bu iki tip ýaşaýyş bir-birini aýry-aýry ugurlarda üpjün
edip kämilleşdirip gelipdirler. Türkmen dil we folklorik
edebiýatynda bu iki hil ýaşaýyş, bir-birine bagly bolan
Çarwa-Çomry (Çomur) sözleri bilen beýan edilýär,
hatda olaryň arasyndaky bäsdeşlikler biziň aýdyşyk
aýdymlarymyza-da giripdir.
Ýokarda görşümiz ýaly Rafael Pumpelli b.e.oz.
IV-nji müňýyllykda agyr gurakçylygyň aralaşmagy
zerarly Änew jülge medeniýetini döreden ilatyň uly
böleginiň göçüp Mezopotamýa çenli baryp ýerleşendigi
hakynda gymmatly maglumatlar beripdir. Edil şol
döwürde Türkmenistanyň çarwa taýpalarynyň hem
Hazaryň demigazygyndan Ýewropa tarapa göç edendigi
hakynda-da şeýle ýazýar:
“Awçylyk bilen güzeran görýän halklaryň şol
döwrüň dowamynda öý haýwanlary mesgen tutan
jülgelerden oba hojalygyny ýöretmegiň parçalaryny hem
alandygy we diňe biziň zamanamyza çenli dördünji
müňýyllykda adatdan daşary gurakçylyk ýagdaýnyň
ýüze çykandygy, onuň bolsa göçüp-gonup ýören çarwa
halklary herekete geçirendigi barada iş çaklamasy
hökmünde, megerem, biz çak edip bileris. Şolar bolsa
has gadymy taryhy we has soňky döwürleriň
57
dowamynda olaryň kem-kemden Atlantika çenli
ýetmeklerini hem-de häzirki dünýäniň fiziki we durmuş
aýratynlyklaryna çuň täsir etmeklerini öňünden
kesgitläpdir.
Halklaryň şu daşarky giňişliklerde göçüp-gonup
hereket etmeklerinde göçüp-gonup ýören çarwalaryň ýol
ugurlary gürrüňsiz ýagdaýda Ýewraziýa sähralaryna
hem-de demirgazyga, Garadeňize ýetmelidir.”28
Alym, Türkmenistanyň çarwa taýpalarynyň
demir asyryna degişli hereketleri hakynda-da seýle
ýazýar:
“Men suratlarda mis medeni döwrüniň ahyrynda
gurakçylyga getiren howa ýagdaýyndaky özgerişleriň
bolup geçendigini we şeýle özgerişleriň demir medeni
döwründen öň we şol döwrüň dowamynda ters ugra
bolup geçendigini beýan edýän fiziografiki hadysalary
görkezdim.
5-nji şekilde mis medeni döwründen soň gelýän
we garyşyk gatlaklardan ybarat bolan döwrüň soňky
böleginiň
dowamynda
taryhyň
“skifler”(Saklar)
tarapyndan pars döwletiniň gabalmagy barada gürrüň
berýän wagtyny öz içine alýandygy görünýär. Halklaryň
bu hereketiniň we ýaragly çozuşlaryň Hazarýaka
tekizlikleriniň uly giňişliklerine ymtylyşyň artmagynyň
netijesi bolandygy baradaky çaklamany gereginden
artyk ulaldylan çaklama diýip atlandyrmak bolmaz.”29
Çarwa-Çomry gatnaşyklar hakynda ýene-de şeýle
maglumatlara gabat gelýäris: “Türkmenistanyň ilatynyň
hojalygy biziň eýýamymyzdan ozalky I-nji müň ýyllygyň
ortasynda öz zamanyna garanyňda, ep-esli ösüş
gazanypdyr. Onuň tapawutly sypaty ýurduň oturumly
welaýatlara we çarwa taýpalaryň ýaşaýan welaýatlaryna
28
29
Raphael Pumpelly, Änewiň gadymy ösüsi, s. 81
Ýene şol ýer, s. 44-45
58
bölünmegi bolupdyr. Şol welaýatlaryň arasynda alyşçalyş barha ösüpdir”.30
Türkmenistanda ýüze çykan ilkinji döwletlere
degişli taryhy çeşmelerden belli bolşyna görä, Part
(Parfiýa) döwletiniň taryhyny iki döwre bölüp ele almak
mümkin bolýar:
Birinji döwri b.e.oz. II-nji müňýyllygyň aýaklaryndan
başlap Günorta Türkmenistanda gadymy Part (Parfiýa),
Mary (Margiýana) we Bakteriýa ýaly merkezleşen
döwletleriň ýüze çykmagyndan başlap Makedoniýaly
Isgenderiň basybalyjylykly ýörişlerinden soň döredilip
takminan 80 ýyl dowam eden “slukitler” döwletiniñ
soňuna çenli.
Ikinji döwri bolsa beyik “Ärsaklar”(Arşaklar)
döwletiniň Aşgabatda döredilp dünýäniň uly bölegine
höküm süren döwri.
Ikinji
döwürde
“Sak
taýpa
birliginiň”
Türkmenistanda we bütin Ýewraziýada örän uly rol
oýnanlygy üçin, olary öwrenmäge aýratyn orun bermek
gereklidir. Bu bölümde bize elýeterli çeşmelere
daýanmak arkaly birinji döwür bilen tanyş bolarys:
“Bar bolan materiallar boýunça edip boljak
pikire görä, obşynalaryň (ortak eýeçilik jemgiyýetiniň)
dargamagynyň güýçli prosesi sosýal deňsizligiň ösmegi
Türkmenistanyň çäginde biziň eýýamymyzdan ozalky
II-nji müň ýyllygyň ikinji ýarymynda we I-nji müň
ýyllygyň başynda geçýär. Şu hadysalaryň hemmesi,
birinji nobatda, ýurduň hojalygynyň esasynda emeli
suwaryşa esaslandyrylan ekerançylykda bolan aýgytly
üýtgeşmeler bilen baglanyşykly bolupdyr. Bar bolan
arheologik maglumatlar şol üýtgeşmeleriň umumy
görnüşini göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.
30
Türkmenistanyň taryhy, Birinji jilt-1959, s. 71
59
Şol gözden geçirilýän zamanda Türkmenistanyň
çäginde taýpalaryň dört toparynyň bolandygyny:
Günorta-Gündogar
Türkmenistanda,
dag
etek
zolagynda, Murgabyň aşak akymynda we demirgazykda
taýpalaryň bolandygyny, demirgazykdaky taýpalaryň
merkeziniň
Amyderýanyň
aşak
akymlarynda
bolandygyny bellemek bolar (Eger Amyderýanyň şol
döwürde Hazar deňizine guýandygyny göz öňünde
tutsak, onuň aşaky akymy bu günki Daşaguz weBalkan
welaýetlerine düsýär, B. Gerey).
Günorta-Günbatar Türkmenistanda gadymy
Dahystan medeniýeti diýlyip edebiýatda at berlen
medeniýeti özleriniň yzynda galdyran taýpalar
ýaşapdyrlar. Şu medeniýetiň esasy ýadygärlikleri
Messerýan düzlüginde (Yzzatguly, Madawdepe diýilýän
ýerlerde) jemlenipdir, emma Günbatar Köpetdagyň
boýunda hem kiçiräk oturym ýerleri (Parawyň,
Bamynyň, Börmäniň ýanyndaky depeler) duş gelýär. Şol
ýerde oturym ýerleriniň ýokarda bellenip geçilen iki
tüýsli: kiçiräk oturym ýerleri we has iri oturym ýerleri
bar…
Gadymy Dahystanyň ýadygärlikleriniň bütin
görnüşi oturymly ekerançylygyň-maldarçylygyň şol
zamana garanyňda örän ösen medeniýetini aýdyň
häsiýetlendirýär. Adatça melemtil reňkli örän gowy gapçanaklar küýzegärçilik çarhynda ýasalypdyr we ýüzi
tutuş ýylmanypdyr…
Gadymy
Dahystanyň
metaldan
ýasalan
zatlarynyň heniz bellileriniň hemmesi bürünçden
ýasalan zatlar bolsa-da, oturym ýerlerinde magdana
öwrilen demir bölekleri hem duş gelýär, şunuň özi
gadymy Dahystan medeniýetiniň soňuny eýýäm demir
asyrynyň zamanyna degişli etmäge we ony, tutuşlygyna
alanyňda, biziň eýýamymyzdan ozalky II-nji müň
60
ýyllygyň ikinji ýarymynda, I-nji müň ýyllygyň birinji
üçden birine degişli etmäge mümkinçilik berýär…
Egr Günorta Türkmenistanda ýaşan taýpalaryň
ýokarda gözden geçirilen üç topary esasan ekerançylyk
bilen baglanyşykly bolan bolsa, ýurduň demirgazyk we
orta böleginiň giň meýdanlaryny tutup oturan
taýpalaryň hojalygynda maldarçylyk örän uly rol
oýnapdyr. Biziň eýýamymyzdan ozalky II-nji müňyyllyk
umuman maldarçylyk-ekerançylyk taýpalarynyň güýçli
ösen zamany bolupdyr.”31
“Bar bolan çeşmeler biziň eýýamymyzdan ozalky
I-nji müň ýyllygyň ortasynda Türkmenistanyň
çäklerinde çarwa taýpalaryň we oturymly jülgeleriň
(oazisleriň) ýerleşişiniň suratyny şu aşakdaky ýaly edip
beýan etmäge ýol berýär: Ýurduň gönorta böleginde,
eýýäm ekerançylyk hojalygynyň uzak wagtlap ösüp
gelen sebitlerinde, Parfiýa (Part) bilen Magiýana (Mary)
bolupdyr. Parfiýanyň düzümine bütin Köpetdag
eteklerindäki zolak we häzirki zaman Eýranynyň
demirgazyk-gündogar bölegi giripdir. Parfiýanyň
günbatar tarapyndaky goňşysy Hazar deňiziniň
günorta-gündogar kenarynyň ýanynda bolan Girkaniýa
(bu günki Türkmensähra, B. Gerey) bolupdyr.
Demirgazyk Parfiýanyň uly merkezi Gowşudyň
ýanyndaky Ýelkendepe oturym ýeri bolupdyr.
Parfiýa gündogar tarapda baryp b.e.oz. I-nji
müňýyllygyň başynda hem bolan ekerançylyk jülgeleriň
ösmegini dowam etdiren ýeri bolan Murgap derýasynyň
jülgesini tutup oturan Mary (Margiýana) bilen serhetdes
bolupdyr. Şol jülgeleriň merkezleri içki galaly uly
oturym ýerleri (Ýasydepe, Arabalydepe diýen oturym
31
Türkmenistanyň taryhy, I. jilt-1959, s. 51-56 (temamyza degişli ýerler
alyndy)
61
yerleri) bolupdyr. Margiýana (Mary) siýasy taýdan
ýygy-ýygydan Bakteriýa bilen birleşýär eken.
Oturymly medeniýeti bolan dördünji uly welaýat
Amyderýanyň aşak akymyndaky Horezm jülgesi
bolupdyr. We şol ýerde biziň eýýamymyzdan ozalky Inji müň ýyllygyň ortasynda bolan oturym ýerleri
Amyderýanyň sag kenarynda-da çep kenarynda-da duş
gelýär. Gekateýýiň (Hekateýýiň) beren habaryna görä,
şol ýerde Horasmiýa diyen şäher bar eken, emma onuň
nirede ýerleşendigi heniz takyklananok.
Oturymly welaýatlar bilen ýakyn goňşulykda
dürli-dürli göçürim (çarwa) taýpalar hem ýaşap, olar
häzirki zaman Türkmenistanynyň sähralyk we çöllük
sebitlerinde oturypdyrlar. Olaryň çarwa maldarçylyk
hojalygy Täzeýap medeniýetini döreden taýpalaryň
maldarçylyk-ekerançylyk
hojalygynyň
ösmegi
netijesinde emele gelipdir. Belli bir yzygiderli tertipde
çalyşyp duran çarwaçylyk ýerlerinde mallaryň
bakylmagy mallaryň sanynyň üzül-kesil artdyrylmagyna
ýol açypdyr, bu bolsa şol taýpalaryň ep-esli böleginiň
çarwa ýaşaýşa geçmegine sebäp bolupdyr…
Gadymy Eýran ýazgylarynda “Saklar” diýen at
bilen, Grek awtorlarynyň ýazgylarynda bolsa Skifler
diýen köplük at bilen belli bolan kän sanly çarwa
taýpalar biziň eýýamymyzdan ozalky I-nji müň ýyllygyň
ortasynda Orta Aziýanyň çäklerinde hem ýaşapdyrlar.
Hazar deňiziniň gündogar tarapyndaky sähralarda we
Amyderýa bilen Syrderýanyň arasyndaky ýerde ýaşan
çarwa taýpalaryň arasynda has bellisi “Massagetler”dir.
Herodotyň sözlerine görä, Massagetler “hiç zat ekmän,
öý haýwanlarynyň etini we balyk iýip oňýarlar, balygy
bolsa olara Araks derýasy (Amyderýa) bol berýär”.
Massagetler özleriniň ýaragyny misden ýasaýar eken; ol
wagtda heniz demir Orta Aziýanyň çarwa taýpalarynyň
62
arasynda giň ýaýramandyr. Bezeg şaýlary altyndan
ýasalýar ekeni. Günorta-Günbatar Türkmenistan sebtini
biziň eýýamymyzdan ozalky I-nji müň ýyllygyň
ortasynda eýýäm “Dah-laryň” ýa-da “Daý-laryň” eýelän
bolmagy mümkindir. Oňat ýaraglanan we bir ýerden
başga ýere çalt baryp gelýän atlylary bolan çarwa
taýpalar şol zamanyň siýasy durmuşynda, şüphesiz, örän
uly rol oýnapdyrlar…
Ahemenitler (Ahemenitler ýa Akmenler häzirki
Eýranyň günorta welayetinde, Parsda gurulan döwlet, B.
G.) birnäçe ýurtlary basyp alandan soň, olaryň patyşasy
“Kir”(Kureş B. G.) Orta Aziýanyň çarwa taýpalary
bilen dos-dogry galtaşyga giripdir. Emma biziň
eýýamymyzdan ozalky 530-njy ýylda şol taýpalaryň
garşysyna geçirilen ýöriş parslar üçin şowsyz bolup
çykypdyr we Kiriň özüniň ölmegi bilen gutarypdyr.
Kuwwatly patyşanyň ölmegi we onuň goşunlaryny
çarwa taýpalaryň derbi-dagyn etmegi şol zamanyň
adamlaryna güýçli täsir edipdir. Şonuň özi şol zamanyň
adamlaryny haýran galdyran wakany her dürli edip
beýan edýän we düşündirýän dürli-dürli rowaýatlaryň
we gürrüňleriň döremegine sebäp bolupdyr. Kiriň
duşmanlary bolan çarwa taýpalaryň hatda ady-da dürli
çeşmelerde dürli-dürli edlip aýdylýar. Gerodotyň
(Herodotyň) ýazyşy boýunça olar Massagetler ekeni,
Ktesiniň ýazşy boýunça – Daýlar (Dahlar) bolupdyr. Has
umumy kabul edilen we has ähtimal rowaýat Herodotyñ
eserinde edlen rowaýatdyr.”32
Ýokarda gözden geçirilen hakykatlardan belli
bolşuna görä gaty köp göçme çarwa taýpalaryň hemmesi
bolmasa-da olaryň uly topary has gadymy döwürlerden
bşalap howanyň guraklaşmagy zrarly Demirgazyk we
32
Ýene şol ýer, s. 61-64
63
Günbatar Türkmenistanyň sähralaryndan bütin
Ýewraziýa çäklerine ýaýrap giden taýpalar bolmaly.
64
IV- Saklaryň Etniki aýratynlykary
We
Häriki zaman halklary bilen garyndaşlyk
meselesi
Günbatar taryhçylary Sak taýpa birligi bilen
birinji nobatda Herodotyň we kä bir beýleki gadymy
Grek taryhçylarynyň habarlaryndan tanyş bolýarlar,
ikinji nobatda bolsa 19-njy ýüzýyldan (asyrdan) başlap
Tubadan (Günorta Sibir) Orsýediň günorta sebitlerine
çenli baryp ýetýän Kurganlardan (türkmen dilinde
Gorgan ýagny depe, gala) çykarylan arheologik
materiallara esaslanmak arkaly, olar hakda dürli
çaklamalary öňe sürýärler.
Günbataryň
resmi
çeşmelerinde
(Ensiklopediýalarynda) gaýtalanýan umumy garaýyş
şeýleräk: “Skitlar (Saklar) b.e.oz. 1-nji müňýyllykda
gündogarda Altaý daglaryndan günbatarda Karpat
daglaryna çenli uzaýan giň sähralarda ýaşan köp sanly
çarwa taýpalaryň umumy adydyr. Bu taýpalaryň
umumy aýratynlyklary: atçylyk medeniýete eýe bolmak,
oňat ok-ýay atmak, arabalardan giň möçberde
peýdalanmak,
aýallaryny altyn şaý-sepler bilen
bezemek … bolup, kä bir däp-dessurlary bolsa türki
halklaryna degişli Hunlara (Gunlara) meňzeşligidir”.
Bu resmi çeşmelerde hiç-hili kanagatlandyryjy
delillere esaslandyrmadan
olary Hindi-Ýewropa
taýpalaryna degişli hasap edilýän ýagdaýy az däl, şonuň
ýaly-da diňe birnäçe adam atlarynyň etimologiýasyny
ýormak arkaly olaryň dilleri hem Hindi-Ýewropa ýa-da
Hindi-Eýran dillerine degişli bolmaly diýen gümürtik
pikirler oarta atylýar, şol bir wagtyň özünde hem
bularyň heniz köp jedelleşilýan, takyk bolmadyk
pikirlerdigi-de ykrar edilýär (seret: “BROCKHAUS
Enzyklopädie”, 25. jild-2006, s. 372-3 we “MEYERS
65
Enzyklopädisches Lexikon”, 21. jild-1977, s. 812-3 we
“Der Neue Pauly Enzyklopädie der Antike”, 11. jild2001, s. 643-56).
Bu barada günbatarda iň soňky netijeler
hökmünde internet ulgamyna giren maglumatlaryň,
temamyza degişli düşünjeleri bilen gysgaça tanyş
bolalyň:
“A- Iskit adynyň ulanylyşy: Isadan (biziñ
eýýamymyzdan) öňki 3-nji ýüzýylda, Grekler, halklary
ikä bölýärler, Raýn (Rein) derýasynyň günbatary
“Keltler” we gündogaryny ylaýta-da Garadeňiziň
demirgazygy bolsa “Iskitler”. Olar Iskit sözüni gaty köp
sanly şäherleşmedik çarwa taýpalaryň umumy ady
hökmünde ulanýarlar…
Halklaryň göçe-göçlik döwründe Garadeňiziň
demirgazygyndaky taýpalara Iskit ady berilýär, şonuň
ýaly hem Hunlardyr Gotlary-da şol at bilen
alamatlandyrylýar…
“Jordanyň” pikrine görä Iskitlerň ýurdynyñ
çäkleri Germanlardan başlap Don we Denipr derýalary,
Kawkaz, Araks derýasy, gündogary Hazar deňizine
baryp ýetýär. Bizanti Hronikasyna (wakalaryň zaman
tertibi) görä Sarmatlar, Gotlar, Alanlar we Peçenekler
Iskit taýpalaryna girýär.
Herodotyň habaryna görä Iskitler parslar
tarapyndan Sakalar diýip atlandyrylýar. Bu ady köp
taraply hem umumy manyda ulanýarlar, çünki soňrak
Ural-Altaý dilde gepleýän ähli merkezi Aziýanyň
halklaryny (Prototürkleri) hem şol at bilen tanaýarlar.
Hatda bu gün hem türki halklaryň käsi (Sibirde) özlerini
Saka (ýakut) diýip atlandyrýarlar…
Iskitler Isadan öňki 8-nji ýyüzýylda gündogardan
günbatara hereket edip Garadeňiziň demirgazygynda
“Kimmerleri” gysyp çykaryp ol ýurtlara ýerleşýärler.
66
Isadan
öňki
7-nji
ýüzýylda
günorta
tarap
Palastina,Urartu we soňra Müsüre, Mada (Mediýa)
çozýarlar… iñ soňy Isadan öňki 3-nji ýüzýylda Gotlar
tarapyndan ýeňilýärler. …
B- Saklaryň dilleri: Saklary öwreniji alymlaryň
köpüsi olar Hindi-Eýran dillidir diýen düşünjeden
hereket edýärler, emma welin bir siýasy birleşige girýän
halklardyr taýpalaryñ belli bir umumy dilde geplemegi
hökman däldir.
Herodot iskit dilinde olaryň mifiki halklarynyň
adyna degişli birnäçe sözleri ýazyp galdyrypdyr;
“Arimaspoi”(ýeke gözli) we “Oiorpata”(erkekleri
öldürýän aýal). Emma şu atlary düzýän söz böleklerini
aýyl-saýyl edip belli many çykarmak gaty kyn. Olary
öwreniji alymlaryň köpüsi Oiop(Oior) sözi, parsça
“Vira”(adam, gahryman), Pata sözüni bolsa belki-de
“Mata” sözüniň ýoýulyp ýazylan görnüşi bolmagy
mümkin, ýagny parsça “Mara”(öldürmek) bolýar diýip
many çykarýarlar…”33
Görşümiz ýaly ýokardaky üzlem-saplam hem
gümürtik sözlerden, iskitler hakynda anyk bir maglumat
edinmek gaty kyn, olaryň dillerini hem Hindi-Eýran
dillerine baglamak üçin ýapa sygmajak ýollara ýüz
urulýar. Mysal üçin “Oiopa” sözünden “vira” sözüni we
“Pata” sözünden bolsa “Mar” sözüni çykarylýar!?.
Emma
günbatarda
resmileşdirilen
bu
düşünjeleriň garşysynda Saklary hem olaryň dillerini
türki halklara degişlidigini öňe sürýän alymlar-da az
däldigini dürli çeşmelerden öwrenýäris. Bu ugurda gaty
köp ylmy çeşmelere esaslanmak arkaly ýörite iş ýazan
türk alymy Dr. Ilhami Durmuşyň eserinde örän oňat
ylmy hem tarapsyz maglumatlar bar. Alym ilki bilen
okyjylaryny, Saklary Hindi-Eýran hem-de Slawian
33
Seret: www.wikipedia.org/wiki/skythen
67
taýpalaryna degişlidigini öňe sürýän iki toparyň
pikirleri bilen tanyş edenden soň, olary türki taýpalara
degişlidigine ynanýanlaryň düşünjelerini şu aşakdaky
bölümlerde ele alýar:
“III. Ural-Altaý teorisi (nazaryýasy): Saklaryň
haýsy kowma degişlidigi meselesi orta çykandan bäri, iň
güýçli teori, olaryň gelip çykyşy Ural-Altay kowmlaryna
degişli bolmak teorisidir. Bu düşünje takminan 19-njy
ýüzýylyň başlaryndan öňe sürülip başlanypdyr. Bu
tezisiň iň tanymal tarapdary hökmünde B. G. Niebuhr
tanalýar. Niebuhr, Herodotyň eserini örän tarapsyzlak
metod bilen inçeläp gözden geçirenden soň, iskitleriň
Tatar ýa-da Mogol (Mongol) kowmlaryndan bolandygy
baradaky pikirini öňe sürüpdir. Onuň daýanan esasy,
Saklar
bilen
Tatarlaryň
däp-dessurlarynyň
meňzeşligidir. Bu pikir bilen meşhur Grek taryhynyň
hünärmeni (Spesialisti) Grote hem doly ylalaşypdyr
(Grote 1857: 240). Niebuhr we Groteden soňra Saklaryň
Mogollygy tezisini Neumann güýçlendiripdir. Kiepert
bolsa, Orta Aziýadan Gündogar Orsýede gelen Saklaryň
däp-dessurlarynyň atly kowmlaryň göçme ýaşaýyş
däbine uýýandygyny ýatlatmak bilen olaryň Mogol ýada Türk-Tatar kowmlaryna degişlidigini öňe sürýär
(Kiepert 1878: 343). Nagy hem Saklaryň Ural-Altaý
kowmlaryna degişlidigini nygtapdyr.
Nibuhryň öňe süren teorisi gitdikçe tarapdar
tapypdyr we mesele örän köptaraplaýyn ele alynypdyr.
Bularyň arasynda pahna ýazuwlaryň hünärmeni
Nordtmann, Saka tigrakhauda we Saka haumavarganyň
türkligini, pahna ýazgylara esaslanmak arkaly subut
etmäge çalyşypdyr (Mordtmann 1877: 77). Filologik
materýallary Türk sözleri bilen garşylaşdyryp derňän
Kuun hem, “indi belgileriň (dokumentleriň) köplügi
Saklaryň umumy adynyň aýry-aýry Türki taýpalary öz
68
içine alýandygyny aç-açan görkezýär” diýýär (Kuun
1888 we1981: LVII). Ol şeýlelik bilen Saklaryň
türklügini kabul edýär.
Ýigriminji ýüzýylda-da Saklaryň Ural-Altaý dilli
kowmlaryndan bolandygy teorisini tassyklaýan birgiden
işler edilipdir. Bularyñ başynda Minns gelýär. Minns
ýazuwly çeşmeleri hem-de köp sanly arheologik
materýallary öwrenip derňemek arkaly, Saklaryň HindiÝewropa kowmlaryndan bolmandyklaryny (Minns
1913:
44),
gytaklaýyn
Ural-Altý
kowmlaryna
degişlidigini kabul edipdir (Minns 1970: 187).
Huntingford Hem Saklaryň Aziýa kökenli, Tatar ýa-da
Mogol kowmuna degişlidigini kabul edýär (Huntingford
1935: 785). Ruben bolsa, Saklaryň hatda dilleri eýran
dili bolsa-da, olaryň Herodotyň tarapyndan teswir edilen
däp-dessurlarynyň Eýran däp-dessurlaryna degişli
bolmandygyny nygtamagynyň yzyndan, Herodot hem
olaryň Gorkut Atadaky Depegöz ýaly ýaratyklara
ynanandyklaryny teswir edýänligini, kör gözli gullar
hakyndaky hekaýalarynyň hem Görogly dessanynda
geçýändigini nygtamak bilen (Ruben 1942: 698),
Saklaryň Türkdigine ynanýar. Von der Osten hem,
“Ýewraziýa sähralaryndaky uly hereketlerde yzygiderli
ýagdaýda aýry-aýry kowmlaryň göç tolkunlary emele
getirendikleri açykdyr. Şeýle ýagdaýda Türki
kowmlardan-da söz etmelidir” diýmek bilen, Saklaryň
arasynda Türki kowmlaryň hem bolandygyny ykrar
edýär (Von der Osten 1956: 71).
Soň alym, günbatar taryhçylarynyň daşynda,
türk alymlarynyň hem Saklaryň gelip çykyşy we olaryň
türki kowmlardan bolandygy hakynda eden işleri hem
yazan eserleri bilen tanyş edýär. Biz bu ýerde diňe
olaryň atlaryny agzap geçýäris: Molla Mehmed El-abeşi
1909, Arsal 1930, Günaltaý 1938, Togan 1981, Kyrzyoglu
69
1976, Tarhan 1979, Ögel 1981, Seyidow 1983, Öztuna
1990, Koja 1990.
Ilhami Durmuş soň Saklaryň Türki halklar bilen
gatnaşygyny ýa-da olaryň Türkdigi meselesini aşakdaky
tertip bilen ele alýar. Biz olara diňe gysgaça degip
geçýäris:
1- Saklaryň ilkinji ýurdunyň Türki halklaryň ata
watany bilen bagly bolmagy: Saklaryň dogup-dörän
ýurtlary hakynda ilkinji taryhy maglumaty Herodot
berýär: “Göçme Skitler, Aziýadadylar. Massagetler
bilen aralarynda geçen bir söweşde ýeňildiler, Araks
derýasyndan
geçdiler,
Kimmerleriň
ýanyna
göçdiler”(Herodot IV: 19). Ptolemy ýokarda ady geçen
halky Saka diýip atlandyrýar we günbatarda, Jaxartesiň
gözbaşyndaky ýurda ýerleşdirýär. Şonuň üçin hem
b.e.oz. 8-nji ýüzýyllykda Orta Aziýada bolan göçme
toparlaryň has uzakllara Bring bogazyna çenli
ýaýrandyklaryny düşünip bilýäris (Huntingford 1935:
785). Strabon, hem Saklar hem-de Iskit adyndaky
Aziýaly göçme toparlardan söz edýär (Strabon XI, 5:
11).
Herodotyň
beren
maglumatlarynyň
Strabonyňkydan has gymmatlydygy şüphesizdir, çünki
Herodot Strabondan takminan dörtýüz ýyl öň ýaşap
geçeni üçin berýan maglumatlary-da has gadymy döwre
degişlidir. Modern öwreniji alymlar hem Saklaryň
köküniň Aziýadadygyny kabul edýärler…
2- Atlarynyň Türki halklara degişlidigi:
Saka/Iskit ady açyklamak ugrunda şu güne çenli birnäçe
pikir orta atyldy. Zeki Velidi Togan, Iskitlere degişli
taýpalaryň atlary bolan “Targutae”, “Skolot” we
“Paralat” sözleriniň Türk, Çigil we Barula atlarynyň
gadymy köplük goşulmasy bolan “T”bilen ýazylan
görnüşi, ýagny Türküt (Türkler), Sigilut (Çigiller) we
Barulat (Barulalar) bolmagynyň gaty ähtimaldygyny
70
ýatlatýar hem-de Iskit sözüniň Çengizhanyň ilkinji
daýanan taýpalarynyň biri bolan Sakait taýpasynyň ady
ýaly, Saka adynyň “T” li köplük görnüşini ýatlatýar
diýen pikiri orta atýar (Togan 1981: 35). “Geza Kuun”
bolsa, Part (Parfiýa) şalarynyň umumy adyndaky
“Arsak” (Romalylarda Arsak-es), Massagetleriň etnik
adyndaky “Mas-sag” we Sakalaryň Grekler arasyndaky
“Sakai” adynyň hemmesi hiç hili şüphä ýer goýmadan
gündogar Türk dilinde akylly, başarjaň, öňden görüji
ýaly manylary aňladýan “Sag” sözünden gelip
çykandygyny belleýär (Kuun 1981: LVII)…
Mireli Seyidof bolsa, Sag/Sak sözüniň köp manyly
bir türk sözidigini nygtaýar we Ş. Güntaýlynyň-da
aýdyşy ýaly, Sak/Sa´laryň Ýakutlar bilen bir urugdan
ýa-da ýakyn garyndaşdyklaryny ykrar edýär (Seyidof
1938: 31-32)…
3- Däp-dessurlarynyň gadymy Türk däpdessurlary bilen gatnaşygy: Bu bölümde alym, Herodot
we Hipokrates ýaly gadymy Grek taryhçylarynyň
habarlaryna esaslanmak arkaly Saklaryň edil Orta
Aziýaly halklaryñ gadymy öýleri ýaly öýlerde
ýaşandyklary,
öküz
arabalaryndan
giňden
peýdalanandyklary, süytden gurt öndirendikleri barada
gürrüň edip, sözüni şeýle dwam etdirýär:
Saklaryň arasynda gaty köp bolan palçylar öz
dini däplerini ýerine ýetirenlerinde söwüt çybygyny
ulanypdyrlar (Herodot IV: 67). Bu däbiň şu gün hem
musulman bolmadyk Türki halklaryň arasynda çybyk
ulanmak bilen ýerine ýetirilýändigi göz öňünde tutulsa
(Ellis H. Minns 1913: 87), Saklaryň türki halklara
degişlidigine bir delil hasaplanyp biler. Herodot,
Saklaryň nähili ant içýändikleri hakynda-da maglumat
berýär. O, Saklar ant içenlerinde bir gaba şerap
doldurup ganlaryny onuň içine garanlaryndan soň
71
içýändiklerni we şol ýerde bar adamlara-da
hödürlenýändigini aýdýar (Herodot IV: 79). Saklardaky
şeýle däp gadymy Türki halklarda şol sanda Hunlardada bolupdyr…(Nikita Ý. Biçurin 1950: 78).
Saklardaky doslaşma däbinde görülen “gan
garyşdyrma” däbi taryh boýunça ähli Türki halklarda
dowam etdirilipdir; hatda Osmanly edebiýatynda gan
ýalaşyp dost bolmak äheňine gabat gelinýär (Abdulkadir
Inan 1987: 326). [bu däp Türkmenlerde-de ýaňy ýakyna
çenli kä wagyt göze ilýärdi, B. Gerey].
Herodot, Saklaryň ölini jaýlanlaryndan soň,
mazaryň üstünde toprak atýandyklary hem-de has
beýigiräk tümmek galdyrmak üçin bir-birleri bilen
bäsleşýändiklerini habar berýär (Herodot IV: 71). Bu
adat Türki halklarda-da bardyr we Orta Aziýanyň
demirgazyk bölegi şeýle usulda galdyrylan Kurganlar
bilen dolydyr…
4- Saklaryň dowamydygy kabul edilen Türk
toplumlary: Saklar uzak döwür taryh sahnasynda galyp
köp ýerlerik häkimiýetlerini dowam edtiren hem-de gaty
giň ýurtlara ýaýran halkdyr. Şonuň üçin hem olaryň
soňraky nesilleriniň-de dowam edip täze döwletleriň
ýüze çykmasynda rol oýnamaklary örän tebigydyr.
Saklaryň Tiýan-Şan, Amyderýa we Syrderýa
töweregi hem-de Gündogar Türküstanda ýaşaýanlary,
Saka, Ýedisuwda ýaşaýanlary bolsa “Şu” atlaryny
göterýärler. Sakalaryň Göktürkleriň ata-babalary
bolmalydyr diýip pikir edilýär (Z. V. Togan 1942: 86).
Olaryň däp-dessurlarynyň, dini ynançlarynyň we el
işleriniň örän meňzeşligi bu pikiri nygtaýar. Saka
Tigrakhaudalara
degişli
gadymy
Kurganlardan
çykarylan yazuwyň hem Göktürk ýazuwlarynyň proto
tipidigi (düýp nusgasydygy) kabul edilýär (Oljas
Süleýmanow 1970: 1-37). Türkçe ýazylandygy hakynda
72
ylalaşylan we transkripsiýasy oňarylan bu ýazuw
Sakalardan Göktürklere geçipdir…
Alym bu yerde birnäçe Türki halklaryň Saklaryň
nesilleridir diýip kabul edilýändigi hakda gürrüň edip
ylaýtada Sibirdäki Ýakutlaryň heniz hem özlerine Saka
diýip at berýändikleri we olaryn Isadan bir näçe ýüzýyl
öň ýüze çykan uruşlar sebäpli günorta tarapdan ol
ýerlerik göçüp barandyklary hakda durup geçýär.
5- Saklaryň dilleriniň Türk dili bilen gatnaşygy:
Milletleriň aňyrsyny we köküni aýyl-saýyl etmekde diliň
örän uly hem nygtaýjy ähmiýeti bardyr. Haýsydyr bir
milletiň dilini subut etmek üçin ýeterli ýazuw belgisi elde
bolmadyk ýagdaýda onuň haýsy kowmlara degişlidigini
subut etmek kyn bolýar. Şeýle ýagdaýda bu meseläni
çözmek üçin Din, Däp-dessur, El işleri ýaly ikinji derejeli
çeşmelerden peýdalanylýar. Elbetde bularyň meseläni
çözmekde dil ýaly netije bermejekdigi şüphesizdir.
Saklar-da dillei hakynda onçakly belgi (materýal)
galdyrmadyk halklardandyr. Şonuň üçin hem olary
Hindi-Eýran dilli görkezmek isleýänler-de bar, Türk
dilli bolandyklaryny goldaýanlar-da bar. Saklaryň
dilleri hakynda maglumaty biz, pahna ýazuwly
tekstlerde hem-de gadymy Grek ýazarlaryň işlerindäki
sözlerden edinip bilýäris.
Ol giňişlikleriň ýer-ýurt atlary gadymy döwür
ýazarlar tarapyndan türk diliniň ýardamy bilen
Garadeňiz bilen Hazar aralygyna ýaýylypdyr. Hatda
gadymy ýazarlaryň görkezen delillerine görä, ol ýerlere
Türk dilinde käbir atlar-da berilipdir. Olardan mysal
hökmünde, Temerinda, Karym Paluk, Graujasus ýaly
sözleri görkezip bileris (Kuun 1981: LVII). Temerinda
goşma sözüniň başyndaky Temer sözi türkçede Tengiz
(Deňiz) we Majarçada Tenger diýip ulanylýanlygy
bellidir (Nemeth 1940: 806). Saklar Graujasus dagyna
73
Graujasim diýipdirler. Türk dilinde “kar”, gar we
“okar”:
yokary,
beýik
manyda
ulanylypdyr.
Formalardaky „augan“, Uýgurça „okan“ [Türkmençe
ullakan, B. G.] ýagny „Beýik Taňra“ yşaratdyr.
Saklaryň „Karym Paluk“ ady-da „Balyk Gölüne“
yşaratdyr (Kuun 1981: LVIII-LIX).
Saklaryň diňe ýer-ýurt atlary däl-de eýsem şol
bir wagtyň özünde Taňry atlary bilen hem Türk dili
bilen baglanty gurmak mümkindir. Herodot, Saklaryň
Hestia ýerine „Tabiti“, Zeus ýerine „Papaeos“, Gea
ýerine „Apia“, Aphrodite ýerine „Artimpasa“, Poseidon
ýerine „Thamimasades“ atlaryny ulanýarlar diýýär
(Herodotos IV: 59). Thamimasades, Deňiziň Atasy we
Artimpasa, Erdem Paşa, örän gaýratly manysyna dogry
gelýär. Tabiti bolsa Tapynmak (çokunmak) sözi bilen
baglydyr we çokunmagy aňladýar. Iň uly Taňrynyň ady
bolan Papeos, Baba, Ata, Babyr, Baýat Tañry
manysynda gelýär (Kuun 1981: LIX). [bu ýerde alym,
Mordtmannyň işlerine esaslanmak bilen häzirki
Eýranyň günorta-günbatar welaýatyndan tapylan Ilam
pahna ýazuwlaryndaky Türk sözleri-de Saklaryň diliniň
Türkçe bolandygynyň subuty hökmünde getirýär. Ilam
diliniň Sumer dili bilen garyndaş we Prototük dili
hasaplanýanlygyna garamazdan, onuň has öňki
döwürlere degişli bolany üçin bu ýerik alynmady, B.
Gerey].
Gazagystanda Almatanyň ýakynlarynda gadymy
Kurganlardan ýüzi ýazuwly kicijik bir gap tapyldy.
Saklara degişli we 26 harpdan ybarat bolan bu ýazuw O.
Süleýmanow tarapyndan okalyp bu günki türkçä şeýle
geçirildi: „Hanyň ogly ýigrimi üç ýaşynda öldi.
(Halkyň?) ady-da ýitdi“ (O. Süleýmanow 1970: 3).
Antik ýazgylarynda gelen Taňry, ýer-yurt we
ynsan atlary, Şuş we töwereginde tapylan pahna
74
ýazgylary, we iň soňy, gadymy Kurganlardan tapylan
kiçi gabyň ýüzündäki ýazuwlar, Saklaryň Türkligini
subut etmek üçin uly ähmiýeti bardyr, ýöne, Hytaýyň
günbatar demirgazygyndan Tuna derýasyna çenli
uzaýan giňişişliklere ýaýran taýpalaryň arasynda başga
dillerde geplän taýpalarň-da bolmagy tebigydyr. Emma
welin elde bar bolan dokumentleriň görkezmegine görä,
Iskit/Saklar Türk dilli bolmalydyr. „Mordtmann“yň
belleýşi ýaly, pahna ýazuwly belgilere (dokumentlere)
görä Saklaryň dili „Türk-Tatar“ we „Fin-Ugor“
dilleriniň heniz biri-birinden aýrylmadyk zamanyna
degişlidir“34
. Herodot olaryň käbir däp-dessurlary we gylykhäsiýetleri dogrusynda şeýle ýazýar: „Saklar şalarynyň
meýdini Gerrhi atly taýpanyň ýaşaýan ýurtlaryna eltip
jaýlar ekenler. Olar jesedi özleriniň dini ynançlaryna
uýgunlykda taýýarlanlaryndan soň, onuň ýany bilen
nökerlerini, aşçylaryny, altyn pyýalalaryny, atyny
jaýlap, üstüne uly depe bolar ýaly gum üýşürýärdiler
hem-de bu depeleriň has uly edilmegi üçin biri-birleri
bilen bäsleşýärdiler…“35
Şeýle däpler, taryhçy alymlaryň açyklamasyna
görä türki halklara degişli bolup, soňra Hunlar(Gunlar)
we beýleki birnäçe türki kowmlarda dowam etdirilipdir.
Merhumyň üstüne uly depe gurmak, bu türki halklaryň
gadymy däbi bolup, oňa Kurgan(Gorgan) ýagny depe
diýilýär. Alymlar türki halklaryň ýaşan ýerlerini
kesgitlemekde bu depelere manyly alamat hökmünde uly
baha berýärler. Bu ýerde ady geçen Gerrhi taýpanyň
ady-da türkmeniň aýry-aýry taýpalarynyň arasynda
34
Dr. Ilhami Durmuş, „ISKITLER (Sakalar)“, Ankara-1993, s. 39-59
tema degişli ýerler gysgaldylyp alyndy
35
“Herodot” , Neun Bücher Der Geschichte, Essen-1990, s. 305 / 71-nji
bölüm
75
ýaşaýan, şonuň ýaly hem mogulllaryň, özbekleriň,
tatarlaryň, eýran türkleriniň etniki düzüminde bar
bolan Gereý (Giraý, Karait) taýpasynyň ady bilen doly
gabat gelýändigini-de göz öňünde tutmalydyrs.
Saklar bilen bir dilde geplän Sarmatlaryň aýalgyzlarynyň edim-gylymlary dogrusynda Herodot şeýle
ýazýar: „…Sarmatlaryň aýal-gyzlary şol wagtlardan
bäri özleriniň gadymy adatlaryny saklap gelipdirler.
Köplenç ýagdaýda erkekleri bilen awa gidýärler,
uruşlarda söweş meýdanlaryna girip edil erkekler ýaly
uruş donlara girýärler…“36
Bu ýagdaý gündogar ülkelerde diňe türki
halklarda şeýle bolupdyr. Muny biz Gorkut-Ata we
Görogly ýaly eposlarymyzda ap-açyk görýäris. Yslam
dünýäsinde-de hanym soltanlar diňe türki halklardan
bolupdyr. Ebni Fäzlan we Gerdizi ýaly syýahatçylar-da
Oguz hanymlarynyň azad-erkin ýaşaýşlary, ençemesiniň
bolsa şalyk derejesine ýetenligini we beýle ýagdaýyň
beýleki halklaryň hiç birisinde görülmändigi hadynka
ýazýarlar37. Bulardan başga, hatda ýaňy ýakynda
“Gökdepe” söweşinde-de Türkmen gelin-gyzlarynyň
erkekler
bilen
egin-egine
berip,
at üstünde
basybalyjylara garşy söweşendigini bilýäris. Beýle
ýagdaýyň gündogaryň beýleki halklarynda bolanlygy
hakynda maglumatymyz ýok. Bu ýerde Herodotyň Sak
hanym şasy Tumarysyň Eýran şasy Kuroşy ýeňmek
bilen uly üstünlik gazanandygy dogrusyndaky habaryny
taryhçylaryň
ählisiniň
nygtaýanlygyny
belläp
geçmelidiris. Bu barada türkmen alymy Nazar Gulla
şeýle ýazýar: „Şolaryň [bu ýerde gadymy legendalryň
gatnaşan söweşleri barada gürrüň edilýär.m.]
36
Taryhe Herodot (Herodotyň Taryhy), Tähran-1965, S.296
ser. 1: Fatima Mernisi ´´Soltan hanymlar´´ Istanbul-1992 s.17-18, 2:
prof. Faruk Sumer ´´Oguzlar (Türkmenler)´´ Istanbul-1980 s.46
37
76
ikinjisinde, Herodotyň ýazmagyna görä Massgetlerden,
Strabonyň ýazmagyna görä bolsa, saklardan (bu ikisiniň
aslynda bir taýpalygyny tassyklaýan çeşmeler-de ýok
däl) bolan hökümdar aýal Tumaryň (grekçe Tumarys)
miladdan öňki 530-njy ýylda kuwwatly hem gazaply
Ahmeni şasy Kir ikinjä (parsça Kuroş) garşy alyp baran
aýgytly göreşi hem onuň Uzboý sebitlerinde gazanan uly
ýeňşi teswirlenipdir. Taryhdan bilinşi ýaly, şol söweşde
Kuroşyň iki ýüz müň adamdan ybarat haý-haýly
goşuny, aýaly-erkegi, garrysy-ýaşy deň durup,
gaýduwsyz göreşen az sanly sähra merdanlary
tarapyndan kül peýekun edilipdir…“38 Ýunan
çeşmelerinde “Tumaris” görnüşinde ýazylan bu
gahryman Sak hanymyň ady, günbatar alymy Paul
Wittekiň açyklamasyna görä, türki dillerdäki temir
(demir) sözüniň birneme ýoýulyp ýazylşydyr.39
Munuň özi iskitleriň iň bolmanda häkim
toparynyň türk dilli halklardan bolandygyny subut
edýär.
Saklaryň ýene bir Eýran şasy Daranyň (Darýuşyň)
eden çozuşynyň garşysynda ulanan taktikasy hakyndada Herodot şeýle ýazýar: „… Saklar şol jogaby
eşidenlerindensoň, goňşy halklaryň Eýrana garşy
söweşde olary goldamakdan boýun gaçyrýandyklaryny
aňyp, duşman bilen aç-açan söweşe girmän eýsem,
olaryň öňünden yza çekilmegi ýüregine döwdiler. Malgaralaryny özleri bilen äkidip, yollaryndaky guyulardyr
çeşmeleri gömüp, ýurdy duşmanlar üçin iýip-içmäge zat
tapylmaz ýaly tap-takyr edip gitmeli diýen karara
geldiler. Şu karara gelenlerinden soň oalr, Darýuşyň
goşunlary bilen söweşmäge hereket etdiler. Iň ökde hem
38
´´Gadymdan galan nusgalar´´ s. 22
Alyndy: Ýylmaz Öztuna ´´Başlangyçdan zamanymyza kadar böýük
Türkiýe Taryhy´´ Istanbul-1977 s.22
39
77
ýyndam atlylaryny barlag üçin öňe iberdiler. Azyk
daşamaga gerek bolan arabalary öz ýanlarynda saklap,
oglan-uşaklaryny hem mal-garalaryny bolsa, göz öňünde
tutulan arabalar bilen yza çekilmäge buýruk berip, göni
demirgazyga tarap ugratdylar. Saklaryň öň atlylary
Eýran goşunlaryny Danupdan üç günlik ýol aralykda
tapdylar hem-de olardan bir gün aralykda orda
gurdylar we ol ýerleriň ot-çöpüni gutardylar. Eýranlylar
saklaryň atlylaryny görüp, çaltlyk bilen olary
yzarladylar, emma duşmanlary olaryň öňünden
dowamly yza çekilýärdiler…bu iş gaty uzaga çekdi. Ol
şeýle bir soňy gelmez görünýärdi welin, iň soňy Darýuş
Saklaryň patyşasy „Idan Tirus“yň ýanyna bir ilçi iberip
şu habary ýetirdi: “Sen, eý, ajaýyp geň adam! näme üçin
biziň öňümizden gaçýarsyň? sen onuň deregine şu
aşakdaky iki işiň birisini edip bilersiň. Eger urşmaga
güýjüň bar bolsa, uruş-da bu sergezzançylykdan el
göter, eger-de meniň goşunymyň güýjüni özüňkiden
köpdigini bilýän bolsaň, ýene-de gaçyp ýörmekden el
göterip, baýaryň (agaň) üçin ýer-suw berip tizlik bilen,
gürleşmek üçin biziň huzurymyza gelmegiň gowurak
bolar.”
Bu habara sak patyşasy Idan Tirus şeýle gaýtargy
berdi: “Eý, Eýranly! Meniň tutumym şeýledir: Men hiçhaçan hiç kimden gorkan däldirin, hiç kimden hem
gaçamok. Geçmişde-de beýle etmändim, indi-de sizden
gaçamok, edýän işlerimde geň galar ýaly zat ýok. Indi
näme üçin siziň bilen urşmaýanymy aýdaýyn: Sizden
goramak üçin urşar ýaly biziň uly şäherlerimiz hem ýok,
ekin meýdanlarymyz hem. Ýöne eger-de sen biziň bilen
tiziräk söweşmek isleýän bolsaň, baryp atababalarymyzyň mazarlarynyň nirededigini gör-de, olary
gaz. Eger-de sen şol işi edip bilseň, onsoň seniň bilen
urşýanymyzy ýa urşmaýanymyzy görersiň. Şol işi
78
etmeseň biz siziň garşyýňyza çykmarys. Seniň uruş
hakda atýan haýbatyňa-da meniň gaýtargym ynha
şeýledir: “Meniň agalyga kabul edýänim diňe öz jeddim
“Juw”, çokunýanym bolsa saklaryň ene taňrysy
“Westa”dyr. Paç hökmünde isleýän ýer-suwuňy hiç
haçan bermerin, ýöne ýakyn geljekde bizden oňadyrak
sowgatlar alarsyň. Gepiň gysgasy, sen özüňi meniň agam
, ig-baýarym hasap edip mahabatlandyranyň üçin bolsa,
berýän jogabym şeýledir: “Bar git-de, güniňe agla!”.
Ynha, adamlar sak dilinde öz maksatlaryny şeýleräk
aýdýandyrlar…“40
Saklara degişli iki sany dessan hakynda Eýranly
(Azerbeýjan) alym, “Warlyk” neşriýesiniň baş redaktory
Dr. Jewad Heý-et şeýle ýazýar:
Afrasýab dessany: Afrasýab gadym türk hakany
(patyşasy) hem gahrymanydyr. Bu gahrymanyň öz
türkçe ady “Alp är Tunga”dyr (Alp=gahryman). Alp är
Tunga b. e. oz. 7-nji asyrda Sak türkleriniň (Turanyň)
beýik hakany bolupdyr. Ol Eýran-Turan söweşlerine
gatnaşyp ençeme gezek Eýranlylary ýeňipdir. Emma soň
Mad (Midia) şasy Kiýaksardan ýeňilip olaryň
tarapyndan öldürilipdir. Mahmyt Kaşgarly özüniň
mundan 900 ýyl öň ýazan “Diwan-allogat-et-türk” atly
kitabynyň ençeme ýerinde “Alp är Tnga”dan söz edýär
hem-de onuň ajy ölümi üçin aýdylýan sagusyny
(mersiýe, ýas goşgusy) ýazypdyr:
“Alp är Tunga” öldimu?
Isiz ajun galdymu?(dünýä eýesiz galdymy?)
Ödlek öjün aldymu?(pelek öjüni aldymy?)
Imdi ýürek ýirtilar.
Mahmyt Kaşgarlydan üç ýyl öň Ýusup Has Hajyp
(Balasagunly) tarapyndan ýazylan „Kutatgu Bilik“ atly
goşgy diwanynda Afrasýab hakynda şeýle setirler bar:
40
´´Taryhe Herodot´´ s. 302
79
Bu türk biglerinde aty belguluk
(Bu türk beglerinde ady bellenen)
Tunga Alp är irdi kuty belguluk
(Tunga Alp är erdi häkimligi ykrar edilen)
Beduk bilgi birle öküş erdemi
(Köp bilimli hem akyllydy)
Biliglik okuşluk budun ködremi
(Uly iliň paýhasly hökümdary)
Täjikler aýyr any Afrasýab
(Täjikler oňa Afrasýab diýerler)
Bu Afrasýab tutdy iller talab.
(Bu Afrasýab köp illeri söweşip aldy)
Alp är Tunga hakda Ferdowsiniň şanamasynda-da
köp rowaýatlar bar. Elbtde onuň ýazan rowaýatlary
garşy tarapyň garaýşlarynyň beýany bolmagy tebigydyr.
„Şuw“ dessany: Bu dessana görä “Şuw” i. ö.
Dördünji asyrda ýaşap geçen türk hökümdary dyr. Şuw
dessany 11-nji asyra çenli agyzdan-agyza we dilden-dile
geçip gelip, Mahmyt Kaşgarlynyň yokarda agzalan
“Diwn-allogat-et-türk” eserinde ýazuwa geçirilipdir. Bu
dessana görä, “Isgender” özüniň ordasy bilen OrtaAziýa gelende “Şuw” özüniň ordasy bilen, birden ÇinUýgur tarapa çekilyär. Emma olardan 22 maşgala
gitmek üçin ulag tapyp bilmän, şol gije ýurtda galýarlar.
Ertesi gün, piýada gitmelimi ýa-da şol ýerde galmalymy?
Diýen mesele hakda geňeş gidip durka, ýene-de iki adam
gelýär. Oturanlar täze gelenlere Isgenderiň geljegini
habar berip, ol ýerden gitmegi olara teklip edenlerinde,
ol iki adam şeýle diýipdir: Ärler! Isgender bir gelipgeçiji adamdyr, bu ýerde galmaz, biz bu ýurdumyzda
galarys. Şol wagt ol 22 adamyň gahary gelip, gelen iki
adama “gal aç!” diýip gidipdirler. Soňlar bu iki adamyň
nesillerine “Galaç” ya-da “Halaç” diýen at galypdyr.
80
Isgender Şuw şahy yzarlap Uýgur iliniň ýakynyna
baranda, iki goşunyň arasynda güýçli söweş bolupdyr.
Isgender, soň türk hakany bilen ýaraşýar, hatda
Uýgurlara köp şäherler gurdurýar we bir müddetden
soň dolanyp öz paýtagtyna gaýdýär. Şol zaman “Şuw”
Balasaguna gelip “Şuw” adynda bir şäher gurdurýar.
Şuw ýa-da “Suw” dessany dimek, şol bir wagtyň özünde
“Sak dessany” diýmekdir.“41
Bu ýerde ýene bir gyzykly hem-de manyly zat, Şuw
dessanynda ady geçýän sak şasy “Şuw”, ýokarda
Herodotyň kitabynda ady geçen sak patyşasy “Idan
tiros”yň : - meniň hormatlaýan adamym diňe öz jeddim
“Juw”dyr- diýen sözlerindäki “Juw” bilen bir adyň
aýry-aýryrak ýazylyşydygy aýdyň görünip dur.
Eýran taryhçysy “Hasan Pirniýa” saklar baradaky
aýry-aýry çapraz pikirleri gözden geçirenden soň,
saklaryň hem Turanly hem-de Indogerman kowmlardan
düzülendigi bilen ylalaşyp şeýle ýazýar: „…emma
“Hertsfeld” we “Minursky” niň bu ugurda öňe sürýän
pikirleri kabul ederlik görünýär. Olaryň pikrine görä
yzygiderli göçler Orta-Aziýanyň etniki kartasyny
degişdirýär
we
“Tur”
ady
ýuwaş-ýuwaşdan
Eýranlylaryň duşmanlary bolan “Toharlar”, “Ýueçiler”,
“Kuşanlar”, “Hunlar”, “Türkler” we beýlekileriň adyna
geçýär. Ferdowsynyň şanamasynda we beýleki yslam
döwriniň eserlerinde “Turanly” bilen “Türk” sözleri bir
manyda geçýär. Mysal üçin “Äsädi Tusi”, Turany
Türküstan, käte bolsa “Horasan” görnüşinde ýazypdyr.
Ferdowsy hem Beýruny bolsa, Turany Türkler bilen
Hytaýlylaryň ýurdydyr diyip görkezýärler. Afrasýab-da
pars
edebiýatynda
Türkleriň
şasy
diýilýär…
“Abdulhuseýn Zerrinkub” saklary bir kowm däl-de
41
- Dr. Jewad Heý-et ´´Türklerin taryh we kulturyna bir bakyş´´ Tähran1999, s. 71-72
81
kowmlar
birleşigi
hasaplaýar.
Käte
özlerini
“Serem”(sarmat, surmat) diýip atlandyran saklara
gündogar Eýranlylaryň eposlarynda “Tur” we
Turanlylar hem diýilipdir. Bu eposlaryň köp bölegi, olar
bilen aralarynda bolup geçen söweşlere degişlidir.
Eposda görkezilýän saklar Eýranly-da bolsa,
hakykatda olaryň hemmesi ne Eýranlydyr ne-de belli bir
etnike degişlidir. Herodotyň “gündogar we günbatar
saklar bir-biri bilen dilmaç arkaly gepleşipdirler”
diýmegi-de bu pikiri nygtaýar. Şeýlelik bilen Herodotyň,
Bogratyň, Betlemýusyň we beýlekileriň, saklaryň däpdessurlary hakyndaky aýdanlarynyň bir kowma däl-de
aýry-aýry etniklere degişlidigini göz öňüne getirmek
mümkidir.
Walter Bronohening hem “bu gün Grekleriň gaty
gümürtük ýagdaýda saklar diyip atlandyran aýry-aýry
kowmlaryň barysynyň Eýranlydygyna gaty seýrek adam
ten berip biler. Elbetde birnäçe Eýranly kowmlaryň hem
olaryň arasynda bolandygy hakykatdyr, emma Orsýediň
günortasyndaky
Saklaryň
edim-gylymlary
pars
Eýranlylara hiç hili dahyly ýokdyr” diýip nygtaýar.
Piotrofskiniň pikiri-de ýokarda ady geçen alymlaryňka
örän ýakyndyr…“42
Ýokarda ady geçen günbatar alymy A. Wambery,
Bizanslylaryň (Wizantiýalylaryň) altynjy asyrda
türkleriň arasyna iberen ilçileriniň beren habarlary we
olaryň [türkleriň m.] baş tutany “Dizabul” ýa “Dizawul”
[bu sözi alym düzediji, ýolbaşçy we şahyň orunbasary
diýip many edýär. m.] bilen görüşendikleri hakynda
gürrüň berip şeýle ýazýar: „Türkleriň haýsy halklar
bilen etniki gatnaşygy bolandygy dogrusynda biz,
Minanderiniň aýdanlaryndan şeýle netije çykarýarys:
42
Rähim Reisniýa ´´Azerbaýjan där seyri taryh´´ I. jild, Tebriz-1990, s.
257-60
82
Türkleriň, ir wagtlar “Ýustin”iň öz ilçilerini aralaryna
iberen we özlerini “Saklar” diýip atlandyran halk bilen
etniki gatnaşygy bardyr. Saklaryň dogrudan-da türk
bolandyklarynyň ähtimaldygyny biz öňki işlerimizde
nygtapdyk (ser. Ursprung der Magýaren,s.17).
Şeýlelikde Wizantiýalylaryň (Bizanslylaryň) hem ony
kabul edendikleri hem-de Oks we Syrderýanyň
aňyrsynda ýaşan Türkleriň şol at (Saklar) bilen
tanalandygy örän dogrudyr…“43
Gürrüňimizi aýry-aýry taryhy faktlar esasynda
dowam etdirýäris:
„Türkleriň iň gadymy ýazylan dokumentlere görä
ilkinji guran döwletleri, Herodotyň taryhanda
“Agrippae” diýip atlandyrylan Sak-iskit döwletidir. W.
Toşekiň-de taryhda ilkinji Türk döwleti hökmünde
kabul edeni Agrippae ýa-da “Agim-pae”leriň ülkesi, “H.
Trieder”iň kesgitlemesine görä bolsa, Orta-Tiýenşanyň
günbatar eteklerinde ýerleşýärdi. Herodotdan hem-de
onuň
salgylanan
alymy
Aristeasdan
edinen
maglumatlaryna esaslanmak bilen, prof. „Zeki Welidi
Togan“ bu gürrüňini edilyän ýurduň “Ysyk köl”
töwereginde ýarym çarwaçylyk prosesini geçirýän
“Barsganlar”dyr diýip kesgitlemäge çalyşýar.
Zeki Welidi Togan mundan başga-da Agrippae
adynyň-da Herodotyň başga bir nusgasynda görlüşi ýaly
“Arginpae” şeklinde okalmagyny has uýgun bilip, türk
dilindäki Argin-Baý bolmaly diýen netije çykarýar hemde “Argin” urugynyň häzirki zamanda gyrgyzlaryň
arasynda ýaşap ýörendiklerini belleýär. Baý sözi bolsa
beý, beg sözüniň bir görnüşidir diýýär. Emma
Agrimpaeleriň ýa-da Barsganlarň özbaşdak bir döwlet
däl-de beýik iskit (sak) konfedrasýasyna girýän bir
döwlet hökmünde öwrenilmesini dogry görýär…
43
A. Vambery ´´Das Turkenvolks´´ OSNABRÜCK-1970, s. 14
83
Saklaryň guran konfedrasýasy umuman Altaýlylar bilen
Indogermanlaryň
birleşmesi
hökmünde
kabul
edilýär…Konfedrasýany güýçli bir döwlet ýagdaýynda
görmek dogry däldir. Ony döreden tire-taýpa we
uruglaryň arasyndaky özara baglanyşygy güýçsiz
bolupdyr diýmek mümkindir. Medeni gözgaraýyşdan
Türk atly hem-de ýarym göçme kulturyny kabul eden
toparlaryň ýaşaýyş terzleri, keşpleri, däp-dessurlary
hem dini ynançlary belli bir meňzeş medeniýeti
görkezýär. Şonuň üçin hem “H. Triedler” we beýleki
birnäçe taryhçylar „sak-iskit” gurultaýlarynda häkim
gatlagyň türki halklara degişli bolandygyny ykrar
edipdirler. Iskitleriň tire-taýpa atlary “Targutue”,
“Skolat”, “Paralat” we ş. m. türk dillerine mahsus “t”
köplük görnüşlerinde, ýagny “Türküt”, “Çuut”,
“Skilüt”, “Baralat” ýaly okulmagy-da mümkindir. Uly
çekeleşmä ýol açan “iskit” sözü-de Çeňňiz hanyň
daýanan we arka beren ilkinji uruglaryndan bolan
“Sakait”iň “t” goşulmaly köplük adyň ýoýulanyrak bir
görnüşi hökmunde öwrenmeklik ýalňyş bolmaz” diýen
pikire uýýanlaryň sany barha köpelýär...”44
Taryhçy alym „Kamuran Gürün“ hem bu barada
şeýle ýazýar: „…Saklaryň Türklere meňzeýän köp
taraplarynyň barlygyny aşakdaky setirlerde göreris.
Onuň üstesine-de arabanyň içinde ýaşamak ýagdaýy
türki halklardan başga göçme halklarda gaty seýrek
gabat gelýändir. Bu aýratynlyklary düşünen alymlar-da
az däldir. Mysal üçin „Aristov“ we „Eduard Maýer“
ýaly taryhçylar, güýçli ähtimal bilen, „Mordtmann“
bolsa hökmany suratda Saklary Türk hasap
edýärler…“45
44
Ismet Parmaksyzogly-Ýaşar Çaglaýan ´´Genel Taryh´´ Ankara-1976,
s. 202-204
45
- Kamuran Gürün ´´Türkler we türk devletleri Taryhy´´ 1982 s.143
84
Ýokarda ady geçen ;Mohammedhasanhan Etemadossältäne; özüniň Partlar hakda ýazan we şu güne
çenli Eýranda iň ygtybarly çeşme hökmünde ulanylan
kitabynda, gadym dünýäde ýaşan halklaryň dillerini
birnäçe topara bölýär. Onda biz öz temamyza degişli
şeýle maglumatlara gabat gelýäris:
„Adamzadyň başga bir taýpalar topary ýagny,
ýurtlary Horasanyň demirgazygynda we Aziýanyň
demirgazygy hem merkezinde bolan halklardyr. Olar
hakda Rum hemÝunanly alymlaryň maglumaty ýokdy,
emma şeýle-de bolsa ol döwriň kä alymlary olaryň
ählisini Mogol diýip atlandyrypdyrlar. Mogollaryň
özlerine mahsus bolan keşpleri bardyr…
Bu
kowm
ýa
jynslar
Aziýanyň
alys
demirgazyklaryndan göçüp gelip belli ýurtlarda
ýerleşipdirler we gadym zamandan başlap medeniýetli
ýaşapdyrlar.
Hytaýlylar-da
şol
kowmdandyr.
Ýunanlylardyr Rumlylaryň olardan onçakly habary
bolmasa-da, Aziýa arylary, Hindliler hem Eýranlylar
welin, gadymdan olary tanaýardylar, çünki olar birbirleri bilen goňşy bolup ýaşaýardylar we ýurtlary birbirine degişikdi. Demirgazyk Hindliler we Eýranlylar ol
kowma
Sak
diýýärdiler.
Brehmanlaryň
hem
Eýranlylaryň şol sözünden bolsa Ýunanlylaryň “Iskit”
sözi ýüze çykypdyr. Äşkanylar (oň-de köp gaýtalap
aýdyşym ýaly) şol Iskitlerdir. Sasanylaryň döwründe
iskitlere “Turanly” didiler. Bu söz bütin Mogol, Fin,
Türk we Tongus taýpalaryny öz içine alýar. Olar
merkezi we günbatar Aziýanyň giňişliginde ýaşapdyrlar
hem ýaşaýarlar. Gadym döwürlerde Fransanyň
demirgazygy tutuşlygyna olaryň ýurdy bolupdyr.
Ýunanly we Rumly alymlar bolsa, bu taýpalaryň şol
ýerde ýaşan birnäçesini tanap, olara “Fin” diýip at
beripdirler. Ferdowsiniň şanamasynyň we beýleki
85
kitaplaryň her ýerinde “Säksar”, “Säkzi” diýip at
tutulsa, maksat şol “Sak” taýpasydygyny bilmegimiz
gerekdir.“46
Bu ýerde käbir gümürtik hem ýalňyş netijeleriň
ýüze çykmazlygy üçin bir meseläni belläp geçmegi zerur
bildik. Ol bolsa, birnäçe ors hem günbatar alymlaryň
tarapyndan, geçen iki asyryň dowamynda yzarlanan,
beliki-de belli syýasy maksatlara eýerip ulanylan “Eýran
dilli” ýa-da “Eýran asylly” ýaly nädogry adalgalaryň,
biziň käbir alymlarymyzyň tarapyndan ýerliksiz
ulanylmagydyr. Sebäbi Eýran (şu günki syýasy çäklerini
göz öňünde tutanymyzda) biziň gürrüňini edýän
döwürlerimizde-de, yslamdan soňky döwürlerde-de
dürli dillerde gepleýän, dürli asylly halklaryň ortak
ýurdy bolupdyr. Ol şu gün hem şeýledir. Mysal üçin A.
M. Diakonof ýaly Eýranyň gadymy taryhyny işlän
alymlaryň açyklamasyna görä, şol döwürlere degişli
“Ahamenidlerden” galan daş yazgylarda üç dil
ulanylypdyr: 1- Ahamenidleriň köşk dili (häzirki
günorta Eýranyň gadymy dili), 2- Syýasy hem döwlet
dolanyşyk dili bolan”Ilam” dili. Bu dil Ural-Altaý dil
toparyna girýän “iltisaky” dil bolup, oňa kä alymlar
“prototük” ýagny türk dilleriniň aňyrsy we gönezligi
diýip at berýärler we 3- Ylmy we edebi dil bolan
Wawilon (Arami) dili. Bu dil Samid dil toparyna
degişlidir.
Yslamdan soňky döwürlerde-de Eýranda üç dil
ýagny Arap, Türk hem Pars dilleri ýörgünli bolupdyr.
Bar bolan ähli kitaplardyr beýleki hat-petekler şol üç
dildedir. Şu gün hem Eýranda dürli dilde gepleýän dürli
halklaryň ýaşaýandygyny, şol sanda ilatynyň ýarysyna
golaýy türki halklara degişlidigini hemmämiz bilýäris.
Şu agzalan hakykatlary göz öňünde tutanymyzda,
46
´´Doräret-tijan fi taryhy beni äşkan´´ s. 770-71
86
“Eýran dilli” ýa-da “Eýran asylly” ýaly adalgalar, belli
bir dili ýa-da halky aňladyp bilmeýän gümürtik hem
ylmy gymmatay bolmadyk adalgalar bolup galýar.
Gümürtik adalgalardyr düşünjeler esasynda bolsa anyk
netije çykarmak mümkin bolup bilmez. Hut şonuň üçin
hem biz, köp alymlaryň tarapyndan ulanylýan “IndoGerman diller” (Hindi-Ýewrop diller) ýa-da “IndoGerman dilli halklar” ýaly adalgalary, belli we açyk
manyny aňlatýan hem-de ylmy esasa daýanýan
adalgalardyr diýip düşünýäris.
Gürrüňimiziň bu bölümini, bu ugurda “Eýran
Türkleriniň eski taryhy” atly iki tomdan ybarat täze eser
döreden
Azyrbeýjanyň
görnükli
alymy
prof.
Muhammedtagy Zehtabi (Kirşçi)niň sözleri bilen
aýaklaýarys. Prof. Zehtabi Fransa, Ors, Arp we Pars
dillerini öz ene dili bolan Azerbeýjan türkçesi ýaly
bilýän alymdy. Ol köp çeşmelere salgylanmak arkaly
Saklaryñ asly hakynda has köptaraply netijeleri
çykarýar. Onuñ pikrine görä, “Saklaryň” esasy topary
Türki halklardan düzülip, aralarynda Indo-German
kowmlar hem bolupdyr. Alymyň öňe süren täze hem
gyzykly düşünjesi bolsa, “iskit” sözi “iç oguz” sözüniň
Wawilonlylardyr Ýunanlylar tarapyndan öz dilleriniň
fonetikasyna uýgunlykda ýoýulyp ýazylyşydyr. Ol şeýle
pikiri öňe sürmek bilen, saklary gadymy türki
eposlardaky “iç oguz” we “daş oguz” döwürlerine degişli
hasap edýär. Alym öz eserini “Sumerlerden” hem
“Ilamlardan” başlap, türki halklaryň has irki atababalarynyň gündogardan günbatara sary, biri-biriniň
ardyndan edn göçlerini yzarlaýar. Bu alymyň biziň
temamyza degişli pikirleri bilen tanyş bolalyň:
“Türki halklaryň irki ata-babalary bolan iltisaky
(Agglutinativ) dilli illeriň regýonymyza (Azerbeýjana we
Eýrana m.) başlan göçleriniň ilamlardan soňky belli
87
bolan göç nobaty “hit” illerinň hereketi bolupdyr. Olar
bu günki Türkiýe we bütin Anadolyda ýerleşipdirler. Hit
kowmyndan takmynan müň ýyl soňra ýagny b. e. oz. 9-7
asyrlar aralygynda ýene-de iltisaky dilli illeriň göçleri
bolupdyr. Olar “işguzlar”(saklar)dyr…
Saklaryň-Işguzlaryň aslyny we gelip çykyşyny “Etemados-sältänä” özüniň “Tätbige logate jografiýaýi”
(Jugrafi sözleriň garşylaşdyrylmasy) atly eserinde
“Saka” sözüne düşündiriş berende aýdyň suratda
görkezýär. Bu eserde şeýle setirler bar: “Saka” ýa “Sas”
Turanly taýpalaryň uly toparlarynyň biridir. Olaryň
şalyk süren ýurtlarynyň çygry, günbatarda Türküstan,
günorta-gündogarda “Imaus” daglary (Çini, Kaşgar
hem Hotandan aýyrýan daglar), demirgazyk tarapdan
Tatarystandyr…
Kiyan (parslaryň ertekilerdäki şalar urugy, belkide Ahamenidlerdir. M. Z.) döwründen öň “Part”
taýpasy pişdadylara (parslaryň ilkinji erteki şalar urugy.
M. Z.) garşy aýaga galanda, “Sas”lary kömege
çagyrýarlar. Soňlar Partlar Äşkany (Parfiýa. m.)
Döwletini döredenlerinde-de, gerek bolan wagty ýene-de
“Sas” taýpasyny kömege çagyrypdyrlar…
E-temados-sältänäniň bu sözlerinden belli bolşuna
görä, birinjiden, saklaryň Orta-Aziýadan gelme, asly
bolsa Turanly bolupdyr. Ikinjiden bolsa bu Sak ili ýa-da
iller
birleşiginiň
belli
gollary,
Hazaryň
demirgazygyndan, Derbendiň ýoly bilen demirgazyk we
günorta Azerbeýjana hem-de günorta Anadola gelipdir,
olaryň ýenede bir bölegi bolsa Mary we Balh tarapdan
günortalygyna göçüp häzirki Owganystanyň günbatary
hem Eýranyň gündogarynda, häzirki Sistanda
ýerleşipdirler. Galan topary bolsa, Ata-watanlary bolan
Orta-Aziýada galypdyrlar…
88
Eýran
çeşmelerinde
“Sakalar”,
Ýunan
çeşmelerinde „Iskitler“, Ibri , Asur (Assirýa) hem
Wawilon
çeşmelerinde “işguz” we Herodotyň
ýazmagyna görä bolsa Ortorkoribant (çiş telpekler)
diýip atlandyrylan bu kowmlaryň Indo-German dilli
halklara degişlidigi hakynda örän täsipli çykyş eden
“Uranski” we kä bir başga alymlar öz pikirlerini subut
etmek üçin hiç hili dokument görkezip bilmeýärler,
ýazan zatlary bolsa gapma-garşylyklardan doludyr…
Işguzlaryň (iskitleriň) ýa-da Saklaryň barasynda
taryhçylaryň arasynda bar bolan ikinji nazaryýa, olaryň
“iltisaky” dilli we asyl gelip çykyşynyň türki halklara
degişlidiginiň tarapynda çykyş edýärler. Bu garaýyşy
(nazaryýany) öwrenmek üçin her zatdan ilki “iskit” ýada
“işguz”
sözüniň
köküni
hem
manysyny
aýdyňlaşdyrmak gerekdir. Taryhy çeşmeler, şol sanda
Asur daş ýazgylaryndan, iskit-sak göçleri döwründe
yaşan Asurlaryň şasy Eserhedunyň “gaýbdan soragy”,
şonuň ýaly hem “ýehudi” we beýleki çeşmelerden belli
bolşuna görä, Mad (Midia) döwletiniň başlangyjynda
Azerbeýjan topraklaryna giren bu illeriň ady Asury
çeşmelerinde “işguza”, Wawilon dilinde “işguza” we
Ibrany dilinde bolsa “aşguz” ýazylypdyr. Asur
emperýasynyň çeşmelerinde “iskitleriň” ilkinji häkimlik
döwründe olaryň watany “işguz” ülkesi diýip
ýazylypdyr. Bu söz Ýunan dilinde “ş” sesi bolmanlygy
üçin, şonuň ýaly-da bu sözüň soň sesi bolan “z” gadym
aksentlerde “dz-tz-th” ýaly eşidilendigi sebäpli
“iskita=iskit” käte bolsa “işkid=işkit” görnüşlerinde
ýazylypdyr. Diýmek, işguz we iskit sözi aýry-aýry
dillerde, olaryň fonetikasyna uýgunlykda, bir sözüň
aýry-aýry aýdylyşy hem ýazylyşydyr. Orslar hem-de
günbatarly alymlar-da bu halka “iskif” diýip
ýazypdyrlar. Bu söz taryh boýy “şekid, şekuda, şekida”
89
we hatda “şekinz” görnüşlerde we köp ýagdaýlarda
bolsa sak=saka=seka ýaly ýazylypdyr… eger-de A. M.
Diakonof türk dili hem taryhy bilen tanyş bolsady, onda
özünden öňki taryhçylaryň pikirlerine tankydy seredip
bilerdi we beýle ýalňyşlyk goýbarmazdy [bu ýerde alym,
Diakonofyň saklary Indo-Germen dilli hasap etmeginiň
ýalňyşlygyny düsündirýär.m.]…“47. Soň alym sözüni
şeýle dowam etdirýär:
Indi, göreliň bu “işguz” ýa “iskit” söziniň köki we
manysy nämekä? Asury çeşmelerde görülişine görä, olar
bilen söweşen iskitleriň baş tutanynyň ady
“Işpaka=Ispaka” bolupdyr. Diýmek, asury çesmeleri
hem “işguz” hem-de “Işpaka” atlary aç-açan görkezýär.
Azerbeýjan hem bütin türk dünýäsiniň iň möhüm
dessany hem-de taryhy çeşmeleriniň biri bolan Däde
Korkut (Gorkut Ata) dessanynda işguz (iç oguz) kowum
we illeriniň ady aýdyň suratda görkezilipdir. Uly klassik
türk dilçisi (linguisti) Mahmyt Kaşgarly özüniň
“Diwanol-logat-et-türk” atly eserinde oguz illeriniň 22
goly hem-de olaryň tamgalaryny (tagmalary, belgileri)
ap-açyk görkezipdir. Gorkut Ata dessanynda oguzlaryň
aýry-aýry gollary gadym zamanlarda iki topara
bölünipdir: 1- “iç oguz” ýa “iş oguz”, şu gün hem
azerbeýjan gepleşik dilinde “ç” sesini “ş” sesine
öwürýärler. Mysal üçin: üç=üş, gaç=gaş w. ş. m. 2- Taş
oguz (daş oguz) ýagny daşky oguz. Iň gadym döwürlerde
oguzlaryň adyna “guz” hem diýipdirler, ýagny başdaky
“o” sesi galdyrylypdyr. Gadym arap we pars
çeşmelerinde oguz sözi köp ýerde “goz” görnüşinde
ýagny arap ýazuw kadalaryna uygun şekilde
ýazylypdyr. Ýokarda görşümiz ýaly, Asury çeşmelerde
bu sözi “guz” görnüşinde yazylypdyr, mysal üçin”iş
47
- Muhammedtagy Zehtabi (Kirşçi): „Iran Türklerinin eski taryhy“ I. jilt,
Tähran-1998, S. 464 -72
90
guz” sözünde. Bu yagdaý örän tebigydyr. Ýagny “iç
oguz” sözi dürli dillerde köp işlenmegiň netijesinde
“işguz” görnüsine üýtgäpdir.
Türk dili iltisaky
(Agglutinativ) bolany üçin, öň-de belläp geçişimiz ýaly
onuň sözleriniň ses gurumy gaty durnukly bolup, örän
uzak
wagtdan
üýtgeýär.
Şonuň
üçin
hem
“oguz<guz<goz” sözi bize belli bolan üç müň ýyl
dowamynda gaty az degişipdir. Oguz illeriniň ady
“Orhun-Ýeniseý” ýazgylarynda-da geçýär. Bu at,
ýokarda görşümiz ýaly b. e. o. 8-7-nji asyrlarda Asur
şasy “Eserhedun”yň döwrüne degişli ýazgylarda-da şol
görnüşinde ýazylypdyr. Diýmek, il ady bolan “işguz”
sözüniň manysy aýdyňdyr. Ol iki sany tüýs türki söz
bolan “iç” we “oguz” sözlerinden ýüze çykan goşma söz
bolup, Indo-German dilleri bilen hiç hili gatnaşygy
ýokdyr.
Gürrüňini edilýän döwürde ýagny b. e. o. 8-7-nji
asyrlarda, Ýakyn-Gündogar ýurtlarynyň syýasy
ýaşaýşyna güýçli täsir eden “işguz-iskit” illeriniň ady,
olaryň türkligini subut edýän ýeke täk delil däldir. Olar
Herodotyň örän dogry görkezişi ýaly, Orta-Aziýdan
gelme hem-de türki halklara degişli bolupdyr. Mundan
başga-da ýokarda agzap geçişimiz ýaly we Eserhedunyň
ýazgylarynda-da galyşy ýaly, işguzlaryň b. e. o. 673-nji
ýylda ölen şalrynyň ýa-da baştutanlarynyň ady bolan
“işpaka-ispaka” sözi hem iki sany arassa türk sözünden
ýüze çykypdyr: oguz, garlyk hem gypjak dillerinde ite
umuman köpek diýilýär, emma öýdeki ite: 1- “is
pak”(yýsa bak, yýsa bakan), 2- “is bas”(yýsa bas, yýsa
git, yýsy yýzarla, yýs yýzarlan) diýip at beripdirler. Bu
iki söz zamanyň geçmegi bilen “öý iti” manysynda
işlenip biri-biri bilen badaşypdyr. Başdaky “i” sesiniň
düşmegi bilen “sabak” görnüşinde ors diline hem-de
soňky “k” sesiniň düşmegi bilen “spa-a” görnüşinde
91
bolsa “Äwesta” kitabyna giripdir (Uljas Süleýman, Aziýa, s. 253-54).
Iki türk sözünden dörän bu goşma söz ýagny
“Ispak” başgyrd, garaçaý we garagalpak türki halklarda
adam ady hökmünde şu gün hem ulanylýar. Edil şonuň
ýaly hem ýokarda görşümiz yaly gadymy iskitleriň baş
tutanynyň ady-da “Ispak” bolupdyr. Hut şonuň üçin
hem A. M. Diakonof özüniň “Mad taryhy” atly eseriniň
532-nji sahypasynda: “ Ors sözi hasaplanýan sabaka (it,
köpek) üçin yslawiýan dillerinde aýdyň many tapmak
bolmayar” diýip ýazýar. Munuň sebäbi bolsa sabaka
sözüniň gelip çykyşy yslaw sözi bolman eýsem türki
dillerden ors diline giren sözlerdendir. Yslawiýan
dillerinde bolsa köpek sözüniň ýerine “kuti” sözi
ýörgünlidir…
Saklaryň ýolbaşçylarynyň ýene biri-de Isgender
zamanynda Orta-Aziýada ýaşan hem-de Isgender bilen
söweşen Sak-işguz illeriniň şasynyň dogany “Kartasis”
bolupdyr. Meşhur taryhçy Goldşmit, Orta-Aziýa
saklarynyň alyp baran uruşlaryndan gürrüň edende Syrderýanyň gündogarynda saklaryň komandiry,
umumy Orta-Aziýa saklarynyň baş tutanynyň dogany
bolan “Kartasis”iň ady “Gardaş” bilen bir söz
bolup,Ýunan dilinde “ş” sesi bolmany üçin “işguz”
sözünde bolşy ýaly, olaryň taryhçylarynyň tarapyndan
“Kartas” görnüşinde ýazylypdyr - diýip belleýär. (R.
Reisniýa, birinji tom, s. 259).”48
Ýokarda gözden geçiren çeşmelerimiziň esasynda
bu bölümi şeýleräk jemläp bileris:
1- Saklar (Iskit) adynda tanalýan taýpa birliginiň,
iň gadymkylarynyň Pumpellyniň açyklamasyna görä
48
ýene şol. S. 472-80 gysgaldylyp alyndy
92
Ata Watany Türkmenistan bolupdyr we has irki
döwürlerden, iň bärsi b.e.oz. III-nji müňýyllygyň
başlaryndan Türkmenistanyň demirgazyk we günbatar
sähralyklaryndan Hazaryň demirgazygyndan günbatara
tarap göçüp gidipdirler. Şol çarwa taýpalaryň galanlary
bolsa Türkmenistanyň soňky taryhy ykbalynda, ylaýtada „Ärsaklar“ döwletini gurmakda aýgytlaýjy rol
oýnapdyrlar. Bu barada indiki bölümde giňiräk gürrüň
ederis.
2- Saklar hakynda ýeketäk taryhy çeşme
Herodotyň habarlary (we käbir beýleki Grek
taryhçylarynyň yşaratlary) bolup, onuň üstüni ýetirýän
belgiler
(dokumentler)
bolsa
Saklara
degişli
Kurganlardan tapylan ýadygärliklerdir. Emma Herodot
öz syýahatlarynda Hazar dňizinden gündogara
geçmändir (seret: Ilhami Durmuş, s. 5). Ol
Türkmenistandaky (Amy deýasynyň töweregindäki)
Saklar hakynda diňe eşidenlerini ýazan bolmaly. Egerde Herodot Türkmen topraklaryna aýlanan bolsady,
onda, şol gadymy atlary (adlary) bilen aramyzda ýaşap
ýören taýpalarymyzyň köpüsiniň ady onuň eserinde has
anygyrak geçerdi diýip düşünýärin.
3- Şeýle hakykatlary göz öňünde tutmak bilen biz
türkmenler, ýokardaky iki çeşmäniň daşyndan hem öz
gadymy milletimiziň etnik düzümindäki, Saklaryň şu
günki nesilleri bolan taýpalarymyzyň atlaryna, iňňän
irki döwürleriň yzlary görünip duran däpdessurlarymyza,
gecmişiň
teswiri
bolan
inçe
sungatymyza we has ähmiýetlisi bolsa örän baý we
gadymy dilimize, iň ygtybarly hem daýanarlyk çeşme
hökmünde baha berip, olardan hem edil watanymyzdan
tapylan
arheologik
ýadygärler
ýaly
giňden
peýdalanmalydyrys.
93
1-Bir Sak hanımı resmi kıyafette .
(F. Trippet “Die erste reiters”1974)
2- Bit Türkmen hanımı resmi
kıyafette
94
Saklar döwrine degişli irki Türk ýazuwlary. Türkiýe
türkçesi bilen garşylaşdyrylan
(Altay S. Amanjolov, İstanbul-2006)
95
96
97
Saklar döwrine degişli irki Türk ýazuwlary
(Altay S. Amanjolov, İstanbul-2006)
98
V- Sak-Mad gatnaşygy
Madlar (Midialylar) biziň bu işimiziň temasyna
göni degişli bolmasa-da, bir tarapdan iskitler bilen
Madlaryň bir-birleri bilen ýakyn gatnaşyklary, hatda
belli
derejede
garyndaşlyk
gatnaşyklarynyň-da
bolandygyny, ikinji tarapdan bolsa, Madlaryň özleriniň
hem birnäçe taýpa birleşiginden ýüze çykanlygy we ol
taýpalaryň birnäçesiniň asly Turanly taýpalardan
bolandygyny, galyberse-de Mad topraklarynynyň bir
çeti biziň gadymy Ata-Watanymyz bilen goňşy bolup,
hatda olaryň kä taýpalarynyň ilkinji oturan ýurtlarynyň
Türkmenistanyň çäklerinde bolmak ähtimalyny göz
öňünde tutmak bilen, gysga-da bolsa olar hakda-da
gürrüň edip geçmegi dogry tapdyk. Bu bolsa türki
halklaryň gelip çykyşyny has köp taraplyrak öwrenmäge
ýardam eder diýip düşünýärin.
Herodot, Mad-Eýran gatnaşygy hakda şeýle
ýazýar: „…Şeýlelikde “Diokos” Madlary [birikdirip] bir
halk derejesine ýetirdi we ýeke özi olara hökümet etdi.
Diokos 30 ýyl hökümet edenden soň aradan çykdy we
onuň ornuna ogly „Frau Urtis“ geçdi. Bu patyşa diňe
Mad halkyna hökümet etmek bilen kanagatlanman
eýsem Eýranlylara-da hüjüm edip olaryň ýurtlaryna
girdi hem-de olary öz raýatyna öwürdi. Ol, bu iki güýçli
halkyň baştutany bolandan soň Aziýanyň beýleki
ülkelerini eýelemegi-de ýüregine düwdi…“49
Herodotyň ýene-de bir ýerde açyklamasyna görä
„Madlar bilen iskitleriň arasynda ýüz beren söweşde
Madlar ýeňilýärler we iskitler 28 ýyl olaryň üstünden
höküm sürýär.“50
49
50
´´Taryhe Herodot´´ s. 81
ýene şol. S. 82-84
99
Esasan Herodotyň we beýleki Ýunan taryhçylarynyň
eserlerine salgylanmak arkaly Madlar (Midiýalylar)
hakynda iň düýpli iş ýazan alym hasaplanýan A. M.
Diakonowyň işinde häzirki temamyza degişli şu
aşakdaky maglumatlary görýäris:
„…Hatda iskitleriň hökümeti synandan soň hem
Madlar öz çagalaryny iskitleriň arasyna iberip, olardan
ok-ýaý atmak hünärini hem-de olaryň dillerini
öwrenmeklerini üpjün edýärler. Munuň sebäbi näme?
Şol döwürdäki güýçli Mad şalygy üçin, bir topar çölde
ýaşaýanlaryň diliniň näme ähmiýeti bolanka? Muňa
düşünmek örän aňsatdyr, sebäbi Madlaryň uly topary
öz aralarynda Eýran dilinde geplemeýärdiler, ol diňe
resmi we mejbury döwlet dili hem-de aýry-aýry
taýpalaryň gatnaşygyny üpjün etmek üçin kabul
edilipdi…“ 51
Alym alty sany Mad taýpasy bolan ;Bousai;,
;Paretakenoi;, ;Stroukhates;, ;Arizontoi;, ;Boudioi; we
;Magoi; hakynda gürrüň edip şeýle netijä gelýär:
„…Emma bu aýdylanlardan ýene bir çykaryp
bolýan
netije-de
bu
taýpalaryň
içinde
diňe
Arizontoilaryň Arýa (Ary) taýpasy diýip tanalandygyny
(bu olaryň gylyk-häsiýetlerinden belli bolýar) göz
öňünde tutmak bilen, galan Mad taýpalaryň Arýan
asylly bolmagy mümkin däldir, yagny olar Eýranly
däldir. Başga bir söz bilen aýdanymyzda, garaşylyşy
ýaly, Madlaryň halk köpçüligi Kuti we Ilam dillilerden
bolup, umuman täze gelen Indo-Germanlaryň (HindiÝewropalylaryň) dilini öwrenen taýpalardan ybarat
bolupdyr, emma muňa garamazdan ýerli halk
tutuşlygyna özgermändiler. Bu güne çenli Bousailer,
Magoiler we Boudioileriň atlary üçin hiç hili IndoGerman köküň tapylmanlygy, şonuň ýaly-da b. e. o. 951
I. M. Diakonow ´´Taryhe Mad´´ s. 266
100
njy asyra degişli bolan Madlaryň has atlarynyň Eýran
dillerinde köküni tapmagyň gaty kynlygy we…ýokarda
aýdylanlary subut edýär…
Mad sözi (Asur dilinde “Madaý”, “Amadaý”,
“Mataý”, giçki Ilam dilinde “Matape”, gadym Eýran
dilinde “Madaý” pars dilinde “Mad”, irki Ýunan dilinde
“Medi”, Part dilinde “Mat”) taýpa hem ýer-ýurt ady
bolup, oňa Eýran dillerinde belli many tapmak mümkin
däldir…Madlar diýen adalganyň “Ilam-Kaspi” köki
bolmagy mümkindir. Asur çeşmelerinde taýpalar
birleşigi bolan “Madaý” we “Amadaý” görnüşleriniň
ýanynda “Mataý” sözi-de bardyr. Bu sözüň Ilam köki
bolarly. Bu mesele-de bu adalganyň gaty ir döwürlerden
bäri şol ýurtlarda ýörgunli bolandygyny aňladýar.“52
Günbatar alymy R. Girşmän hem bu barada şeýle
ýazýar: „Kimirler we saklar Ýunan kalendarynda
“Gimiraý” we “Eşkuzaý” görnüşinde ýazylypdyr hemde edil şol görnüşlerde “Töwrat” kitabynda-da bar.
Birinji taýpanyň ady “Kirim” bolara çemeli we olar öz
atlaryny şol ýurtdan alypdyrlar…“53
„Bu
kowmlar
(saklar)
“Assarhaddon
(Esarhaddon)”yň höküm süren döwriniň başlarynda
başga ugurda hereket etdiler. Olar, kimirleri
Hemedanyň günortasyna sürdiler we Urmiýe gölüniň
günorta-gündogarynda “Manna”ýurdunda (Günorta
Azerbeýjanda,
m.)
ýerleşdirdiler…
Partatua
(Partatus)yň patyşalyk eden döwründe, saklaryň yurdy
soňlar Azerbeýjan diyip atlandyrylan ýurduň çäginiň
uly bölegini tutýardy. Manna patyşasy olaryň ol ýurtlara
häkimligini ykrar edýärdi. Olaryň [Saklaryň] Madlar
bilen hem oňat gatnaşygy bolan bolmaly…
52
53
ýene şol. S. 143-44
R. Girshman ´´Iran äz agaz ta islam´´ Tähran-1350 şemsi, s.97
101
Kşatrita (Kshatrita, Mad baştutany) arka
tarapdan Partuwanyň ogly Madyes baştutanlygyndaky
saklaryň çozuşyna sezewar boldy we özi-de şol uruşda
öldi. Saklar bu pursatdan peýdalanyp “Mad” ýurduna
çozdular we Herodotyň aýdyşyna görä 28 ýyl madlylara
hökümet etdiler…“54
Indi gürrüňimizi Herodotdan başlap aýry-aýry
çeşmelerde ady geçen sak-iskit birleşigine girýän dürli
taýpalaryň atlaryny yzarlamak bilen dowam etdirýäris.
„Herodot, taryhynyň iskitlere degişli bölüminde
olara saýylýan taýpalardan şu aşakdakylaryň adyny
tutýar: Gerrhi, Sarumate, Budini, Mog, Neurian,
Agathyrsi, Tauri, Geluny, Melankany, Enderufagi.
Herodotyň habaryna görä bu taýpalaryň köpüsiniň biribirinden aýratyn däp-dessurlary hem dini ynançlary
bolup,
aýry-aýry
dillerde
ýa-da
diýalektlerde
gepläpdirler, emma Saklar bilen Sarmatlar bir dilde
gepläpdirler.“55
A. M. Diakonof bu barada şeýle ýazýar: „Kimiri
(Herodota salgylanmak bilen) halk hem ýer-ýurt adydyr.
Gelip çykyşy belli däl ýöne Garadeňiz we Hazar
töwereklerinde bolüpdyrlar diýip çen edilýär hem-de
“Taurylar” bilen goňşy bolupdyrlar (Gamir, Gumer,
Gimiraý görnüşlerinde-de bar). Olar çöl adamlary
bolup, iskitlerden öňüräk ýüze çykypdyrlar. Iskit dilleri
hakda belli pikirimiz bar emma Kimirlerden diňe üc
sany at galypdyr: 1-Teuşpa, 2-Tugdammy, Ýunanlylar
ony
Tugdammis
görnüşinde
ýazypdyrlar,
3Sandakşatru. Bu sözleriň birinji we ikinjisine IndoGerman dilinde hiç hili many ýok, üçünjisini eger-de
dogry okan bolsak, onuň ikinji bölümi “keşatra” ýagny
“hökümet we gudrat” diýen many bar, emma onuň
54
55
ýene şol. S.98-99
Taryhe Herodot, s.291-3
102
birinji bölümi “sanda” üçin Indo-German dillerinde hiç
hili many hem kök ýokyr…
Alym bir topar “belki”, “emma” ýaly gümürtik
sözlerden doly bolan gürrüňini şeýle aýaklaýar:
“gynansak-da bu çykaran netijelerimiziň diňe bir
ähtimal bolan nazaryýadan aňry gitmeýändigini boýun
almalydyrs, çünki elimizde bar bolan gaty ujypsyzja
dokumentiň (diňe üç at) bolsa, başga hili ýorulmagyda mümkindir. Mysal üçin ýokardaky “Sankeşatro”
sözüni “Sandakuro”-da okamak bolýar, bu bolsa
çykaran netijämizi düýbünden bozýar hem üýtgetýär.“56
Soň
alym
gürrüňini
Sak-iskit
taýpalary
dogrusynda şeýle dowam etdirýär:
„Iskit-Işguza
sözi
;eşguza;
we
;işguza;
görnüşlerinde-de bar. Olaryň atlarynyň gelip çykyşy
heniz belli däl, ýöne olar saklardan başgadyr. Iskitler ýa
Şekudalar, Awhat (Avxatl), Trapi, Paralat, Sarromat
ýaly iskit diýlip umumy atlandyrylýan taýpalaryň
birleşigi bolupdyr. Herodot olary Orta-Aziýadan
gelipdir diýýär… olar “Massagetler” tarapyndan
gysylýar.“57
Diakonof bu ugurdaky gürrüňini iskitleriň
ýagdaýynyň gaty çylşyrymly hem näbellidigini
nygtamak bilen yzarlaýar we olaryň ilkinji şasynyň ady
“Işpaka” ýa-da “Ispaka” bolandygyny belläp geçýär.“58
;Muhammethasanhan E-temados-saltana; özüniň
ýokarda ady geçen eserinde Ýunanlylar bilen Part şasy
;Tiridat;yň arasynda ýüz beren uruş hakda gürrüň
berende, iskit taýpalarynyň-da atlaryny tutýar:
„…Tiridat olaryň öňünde durup biljek ýagdaýy
özünde görmänsoň, bir iskit taýpasy bolan we Amyderýa
56
57
58
I. M. Diakonof ´´Taryhe Mad´´ s.223-5
ýene şol. S.228
ýene şol. S.250-51
103
bilen Syrderýanyň aralygynda ýaşaýan “Espaýazylaryň”
arasyna baryp olara sygynýar, emma aradan kän wagt
geçmän, günbatar şasy “Diýudot” aradan çykýar. Diňe
şondan ätiýaç edýän Tiridat, iskit taýpalaryndan bolan
“Dah” we “Parn”lardan bir bölegini ýanyna alyp öz
watanyna dolanýar…“59
Ol, kitabynyň ýene bir ýerinde birnäçe beýleki
alymlaryň sözüne salgylanmak bilen şeýle ýazýar:
„Şu setirleriň awtorynyň, sözlerine uly sarpa
goýýan käbir alymlar “Part” ýa-da“Bars”, şol gadym
ýazuwlardaky “Bertas” sözi bilen birdir diýip çen
edýärler. Şonuň üçin hem “Bertas” taýpasynyň ýagdaýy
hem olaryň ýurdy hakynda gysgaça degip geçýäris.
Mesgudy şeýle ýazýar: „Burtas adynda bir derýa, Wolga
birigip Hazar deňzine guýýar we türk taýpalaryna
degişli “Burtas”lar şol derýanyň boýunda oturýarlar…“
Idrisi şeýle ýazýar: “Bortas taýpasy Hazarlara
goňşy ýurtda oturýarlar. Olaryň dilleri hazar we rus
dillerine meňzeýär. Men şu kitaby ýazýan wagtym,
Orslar Hazarlary we bulgarlary ýeňip, olaryň
ýurtlaryny basyp aldylar, özlerini bolsa dargatdylar…
Ýene bir ýazyjy şeýle ýazýar: “Borkas ýa-da
Bortaslar bir türk asylly halk bolup “Itil” derýasynyň
boýunda Hazarlar bilen goňşy bolup oturýarlar. Olaryň
ýurtlarynda gyzyl derili oňat tilkiler bar…
Istahry şeýle ýazýar: „Bartaslar alaçykda (gadym
türkmen öýi,m.) oturýarlar. Olar iki taýpadyrlar: Bir
taýpa gozlaryň (oguzlaryň) ýurdunda oturýarlar we
häzirki zamanda ilaty iki müňden agarakdyr. Olar hiç
kime boýun egmeýärler. Beýleki taýpa “Atyl” çöllerinde
Hazar taýpasyna ýakyn oturýarlar. Olaryň dilleri
hazarlaryň hem bulgarlaryň dillerine meňzeş hem-de
musulmandyrlar. Bartas çagataý dilinde “gul” dimekdir.
59
Muhammedhasanhan E-temadäs-sältänä... s.144
104
Itil derýasy ors ýurtlaryna ýakyn bolup gündogara tarap
akýar we “Bertasa” topraklaryndan geçýär, onuň deňize
guýýan ýeri hazar ýurdydyr. Bu ýerden Bortas ýurduna
ýigrimi gün ýoldyr…
Kä ýazarlar Iskit taýpalaryndan at çekenlerinde
olaryň bir taýpasyna-da “Tohary” diýýärler we olara
birnäçe batyrlyk hem söweşjeňlik sypatyny-da
berýärler. “Balh”, “Semengan”, “Baglan”, “Sekaken”,
“Talgan” we başgalary öz içine alýan “Taharystan” şu
taýpanyň adyndan gelip-çykan bolmagy ähtimaldyr…“60
„Ýunanly, Rumly, Çinli, Arap we Ajam
taryhçylarynyň ählisi, örän gadym eýýamlardan şu güne
çenli Iskit Türkleriniň (Turanlylaryň) Çine, Hinde,
Pereňe, Müsüre we başga ýurtlara eden çozuşlary hakda
ýazypdyrlar. Bu kowm ýagny Iskitler ýa Tatarlar,
birnäçe tire-taýpa bolup bir-birinden aýrylypdyrlar,
emma gelip çykyşlarynyň bir jynsdan bolany üçin,
hemmesiniň edim-gylymlary, gylyk-häsiýetleri hem däpdessurlary deň ýa-da bir-birine gaty ýakyndyr. Emma
her taýpa we toparyň özlerine mahsus atlary bardyr.
Mysal ücin: “ţet” , “Get”, “Syýusy”, “Ýet”, “Çet”,
“Jat”, “Dahy ýa Daýy”, “Part ýa Bart”..“61
60
61
ýene şol. S.313-14
- ýene şol. S.306
105
VI- Sak (Iskit) taýpalarynyň,
ynsan we ýer-ýurt atlarynyň yzlary
Türkmenistanda we türkmen halkynyň etnik
düzüminde
Geçen bölümlerde agzalyp geçilen atlar baradaky
pikrimizi, aşakdaky ýagdaýlary göz öňünde tutmak ilen
orta atýarys:
1-Alymlaryň biragyzdan ykrar etmeklerine görä
Mad we Sak-Iskit döwürlerinden, şonuň ýaly-da Parfyýa
(Part) döwletiniň döwrinden, ýokarda aýdylan sebäplere
görä esasy dokumentler galmandyr. Birnäçe üzlemsaplam habarlardyr has atlary-da ol döwrüň ýazyjylary
öz milli garaýýşlaryna görä hem-de öz dilleriniň
fonetikasyna uýgunlaşdyrmak bilen ýoýulan görnüşinde
galdyrypdyrlar. Netijede şol sözleri ol halklaryň
özleriniň nähil aýdandyklary anyk belli däl. Bu barada
ýokarda ady geçen alym M. E-temados-saltana, Parfyýa
hakynda iň ynamly çeşme hasaplanýan we milady 4-nji
asyryň aýaklarynda ýaşap geçen “Musa Horeni” barada
şeýle ýazýar:
„Musa Horeniniň üçünji kitaby özüniň ýaşan
döwrüne degişlidir. Emma olaryň onçakly ygtybary
ýokdur, sebäbi dogry dokumentiň esasynda ýazylman
eýsem köplenç onuň-munuň hem-de meseleden başy
çykmaýan adamlaryň sözleridir.
Bu sözler hakda azyndan (kemçiliklerine
garamazdan) şeýle aýdyp bileris: Musa Horeni we
beýleki ygtybarly ýazyjylaryň eserlerini hemme
taraplaýyn öwrenenimizde, ähli Part ýa Äşkany
soltanlarynyň hakyky we hakyky bolmadyklary, ýagny
islär şa urugyndan bolup şalygy atalaryndan miras
alanlary, islär basyp alyp özleriniň ig-baýarlygyny we şa
urugyndan bolandyklaryny subut etmek üçin özleriniň
106
aňyrsyny Parfyýa döwletiniň gurujysy bolan “Äşk ýa
Ersas”yň adyna baglap, ony Äşkany şalarynyň atasy
diýip atlandyrýarlar. Emma olaryň hersiniň özlerine
mahsus atlary, hatda lakamlary bardyr. Atlaryň hem
lakamlaryň şeýle garyşmagy, taryhy hakykatlaryň
bulaşmagyna hem gümürtik galmagyna esas döredipdir,
çünki her adama birnäçe at hem lakam dakylypdyr.
Ýene bir aýdylmaly mesele bar, ol hem belli bir
sözi her millet özüçe aýdyp özüçe ýazypdyr. Mysal üçin
aýry-aýry milletleriň kitaplarynda her ýerde “Arsak” ýa
“Arşawir” ýa “Arşuýer” ýa “Arşak” ýazylan bolsa
hemmesi “Äşk” bolup ol aýry-aýry diýalektleriň
fonotikasyndan gelip-çykýar we soň bolsa ony “Arsak”
we “Arsas” etdiler. Diňe soltanlaryň birisiniň ady azajyk
tapawutlar bilen aýry-aýry dillerde we şiwelerde meňzeş
galypdyr, ol bolsa “Ärdowan”dyr. Ýunanlylar we
Rumlylar (Rimliler) ony “Artaban”, ermeniler
“Ardaban” görnüşinde ýazypdyrlar…“62
Biziň pikrimize görä ýokardaky sözleriň asly,
birnäçe Türkmen alymlaryň ýazyşy ýaly “Ärsak”
bolup, galany şol sanda “Äşk” sözi hem, döwriň geçmegi
bilen üýtgän görnüşi bolmaly. Bu söz “Aşgabat” (Äşkabat) sözünde-de ap-açyk duýulyp dur.
2- Ýene bir mesele, bu ugurda iş alyp baran
alymlaryň belleýşi ýaly, şol döwürlerden galan az sanly
sözleriň düýp manysyny we onuň haýsy dile degişlidigini
kesgitlemegiň örän kynlygydyr. Sebäbi olaryň bolşy ýaly
ýazylmandygynyň üstesine-de şol döwürlerde gepleşilen
kä diller we dialektler, ýa düýbünden ýitipdir ýa-da gaty
üýtgäp, aýry-aýry dilleriň täsirinde gaty özgeripdir.
Emma bu kynçylyklara garamazdan, ýokarda-da
agzap geçişimiz ýaly bu meseleleri açyklamakda biziň
elimizde iki sany örän ähmiýetli mümkinçilik bar:
62
Muhammedhasanhan E-temad-äs-sältänä... s.134-35
107
Birinjiden, biziň alymlarymyzyň tarapyndan
ençeme kitap möçberinde ýazylan ýüzlerçe düşündirişli
türkmen
tire-taýpa,
ýer-ýurt
hem-de
gadymy
döwürlerden galan ynsan atlary bar. Şol sözleriň
arasynda, biziň temamyza degişli taýpalaryň, ýer-ýurt
atlarynyň, hatda ynsan atlarynyň yzy äp-äşgär görünip
dur. Bu hakykat biziň etniki taýdan olaryň hakyky
mirasdüşeridigimizi subut edýär. Çünki şol halklaryň
ýaşap döwlet guran ýurtlary-da biziň dürli
medeniýetleriň sallançagy bolan güneşli watanymyzdyr.
Hut şonuň üçin hem biz, ol atlary hem beýleki sözleri
özümizçe ýorup gaýtadan gözden geçirmäge doly
haklydyrys.
Ikinjiden, türki dillere degişli Orhun-Ýeniseý
ýazgylary ýaly iň gadymy eserler alymlaryň tarapyndan
okalyp olar hakda dünýäniň tanymal türkologlarynyň
tarapyndan ençeme sözlüklerdir grammerler ýazyldy
hem-de dilleriň ösüş kanunlaryna uýgunlykda sesleriň
üýtgemesi we bir-biriniň ýerini tutma kadalary
kesgitlendi. Bu bolsa gadymy sözleri tanap manysyny
kesgitlemekde uly ýardam edýär.
Biz bu yerde düşünmesi kyn bolan, ýa-da heniz
alymlaryň arasyndaky jedelli bolan sözleri alman eýsem,
meňzeşligi hem köküniň birligi ap-açygyrak duýulyp
duran sözleri saýladyk.
A-
Tire-taýpa atlary(etnonimler)
SAK:
Bu taýpalar birleşigi barada biz, geçen bölümlerde
aýry-aýry alymlaryň pikirleri bilen tanyş bolupdyk. Bu
ýerde bolsa görnükli alymymyz merhum prof. Dr.
Soltanşa Atanýazowyň “Şejere” atly gymmatly eserinde
bu sözi türkmen etnonimleri bilen baglylykda beren
düşündirişi bilen tanyş bolýarys:
108
„Türkmenleriň we ençeme beýleki türki halklaryň
gadymy ata-babalary bolan Saklar, biziň eramyzdan
(isadan) öňki müňýyllyklarda köp sanly göçme
taýpalaryň birleşmesinden emele gelip, uly we güýçli
halk derejesine ýetipdir. Olar biziň eramyzdan öňki
VIII-IV asyrlarda Orta we Merkezi Aziýanyň giň
sähralarynda ýaşapdyrlar. Gadymy Grek alymy
Gerodotyň (Herodotyň) ýazmagyna görä, biziň
eramyzdan öňki III asyrda höküm süren Eýran şasy
Darynyň eýýamynda saklara dahlar hem diýipdirler(bu
barada Dah, Daý diýen makala serediň). Ýewropa göçen
saklar iskif diýen at bilen bellidir. Taryhdan mälim
bolşuna görä, saklaryň bir bölegi mundan 2300 ýyl öň
Türkmenistanyň territoriýasyna aralaşyp, Parfiýa
döwletini döretmäge işeňňir gatnaşýar. Soňra bu saklar
türkmen we beýleki türki däl we türki halklaryň
arasyna siňip gidýär, olaryň maddy we medeni
durmuşynda, şol sanda etnonimiýasynda öçmejek yz
galdyrýar. Meselem, türkmen tire-taýpa atlary bolan
sakar, saýat, saýynly, sakaw, zak, zyk, şag, şagal,
şawman, çaka, çakan, çakyr ýaly ençeme etnonimler hut
sak sözüniň gatnaşygynda dörän atlardyr. Azerbeýjan,
türk, gazak, gyrgyz, özbek etnonimiýasy barada-da
ýagdaý şeýledir.
Ýewropa, orus we ençeme sowet alymlary
saklary(iskifleri) eýran dilli halk hasap edýärler, emma
türk alymlarynyň ählisi, azerbeýjan alymy G.
Geýbullaýew, garagalpak alymy D. Aýtmuradow, geçen
asyryň görnükli orus etnografy N. A. Aristow we
beýlekiler saklaryň türk dilli bolandygyny belleýärler:
Saklaryň hemmesi bolmasa-da, olaryň belli bir bölegi
türki dilde gepläpdir. Belki, eýran dilli halklar bilen
gatyşanlary soňra bu dili kabul edendirler…
109
Sak sözüniň düýp köki barada D. Aýtmuradowyň
çaklamasy üns bererlikdir. Ol bu gadymy türki halkyň
sak/şak diýen adyny „gamçy“, „örülen saç“
manysyndaky çagyk sözi bilen baglanyşdyrýar we ony
„depesinde örülen saç goýýanlar“ diýip düşündirýär.
Dogrudan-da, geçmişde türki halklaryň esgerleri,
umuman erkek adamlary şeyle saç goýupdyrlar. Hut
ýaňy ýakynlara çenli türkmen obalarynda depesi (ýa
ýeňsesi) gulpakly oglanlary görmek bolýardy. Bu ýagdaý
ata-babalarymyzyň şol gadymy däbiniň dowamydyr.
Eger D. Aýtmuratowyň şu pikiri dogry bolsa, onda sak
„gulpak“ , „örülen saç“ manysynyň tarapyny tutup
biljek sakak diýen türkmen sözüniň bardygyny hem
ýatladýarys. Ol tuwulga (şlem), telpek ýaly başgaplaryň
başdan gaçmazlygy üçin, eňegiň aşagyndan geçirilip
daňylýan ýüpi aňladýar....
Ärsarylardaky sakaw we ýomutlardaky sakawy
diýen tireleriň atlary sak diýen gadymy halkyň adyndan
we köplügi bildirýän -aw (asly -ak ) goşulmasyndan
emele gelen bolsa gerek. Bu adyň tirebaşynyň lakamy
bilen baglanyşykly bolmagy hem mümkindir...
Alym sözüniň dowamynda Sakar, Sakarja, Sakarly,
Sakgar taýpalarynyň atlarynyň gelip çykyşy hakyndaky
dürli taryhy hem halkyň arasynda bar bolan
rowaýatlary agzap geçip, öz pikirini şeýle beýan edýär:
Biziň pikirimizçe, beýle rowaýatlaryň sakar
etnoniminiň hakyky manysy bilen asla dahyly ýok. Biz
bu adyň düýp köki barada G. I. Karpowyň we D. Ý.
Ýeremeewiň
çaklamalaryny
hakykata
ýakyn
hasaplaýarys. D. Ý. Ýeremeew bu ady Sak diýen gadymy
halkyň adyndan we är sözünden çaklap, ony “sak
adamlary”, “sak ili” diýip düşündirýär. Ýöne bu alymyň
sakar sözüniň yzyndaky –ar goşulmasyny är sözünden
hasaplamagy nädogry, çünki ol, edil tatar, awar, hazar,
110
owşar, gajar, suwar, tüwer etnonimlerinde bolşy ýaly,
köplügi bildirýän goşulmadyr.
G. I. Karpow Sakar etnonimini gadymy grek
alymlarynyň eserlerinde teswirlenýän Sak, Sakarauk,
Sakaraul ýaly taýpalaryň adyndan hasaplaýar.
Strabonyň ýazyşyça, biziň eramyzdan (isadan) öňki 206njy ýylda sakarauklar Syrderýanyň orta akymyndaky
Sogdiýanany basyp alyp, ol ýerden Mara gelýärler.
Herodot (Gerodot) bu halky Garabogaz bilen
Maňgyşlagyň aralygynda ýerleşdirýär. Mälim bolşy
ýaly, Sakarauklar (Sakaraullar) Saklaryň özüdir ýa
onuň bir bölümidir.
Diýmek, sakar etnonimi gadymy Saklaryň etnik
adyndan we -ar goşulmasyndan hasyl bolup, „Sak ili“,
„Saklar“ diýen manyda ýüze çykypdyr. Bu ýagdaý
türkmenleriň (umuman türki halklaryň) düzümine
gadymy Saklaryň giňden aralaşandygy baradaky taryhy
maglumatlaryň üstüni ýetirýär...“63
İskit:
Biz gürrüňimiziň geçen bölümlerinde bu sözüň iň
gadymy çeşmelerde „Işkuz“, „Eşguza“, „Işguza“ we
„Işguz“ ýaly görnüşlerde ýazylyp galandygyny hem-de
bu ugurda iň soňky iş ýazanlardan prof.
Muhammedtagy Zehtabiniň bu sözüň gelip çykyşynyň
gadymy oguzlara degişli bolup, onuň „Içoguz“ sözünden
başga zat däldigi dogrusyndaky açyklamalary bilen
tanyş bolupdyk. Eger-de bu alymyň pikiri bilen
ylalaşsak, onda Iskitleriň ilkinji oturan ýurtlary-da biziň
topraklarymyz bolup çykýar. Sebäbi, eger bu gün
„Daşoguz“ ýurdy biziň watanymyzda ýerleşýän bolsa,
onda „içoguz“ hem ondan gaty üzňe bolup bilmeýär. Bu
ýerde, birnäçe ýyl mundan öň „Gorogly“ eposyny
63
S. Atanýzow ´´Şejere´´ s.179-82
111
Alman diline terjime eden prof. A. Şemide (Şmid) bilen
gürrüňdeş bolanymda ol: „Türkmenistanda ýerleşýän
Daşhowuz şäheriniň ady aslynda Daşoguz bolmaly“
diýip nygtandygyny-da belläp geçýärin.
Iskit sözüniň aslynda „Sak“ sözüniň ýunanlylar
tarapyndan ýoýulan görnüşinde aýdylyp ýazylyşydyr
diýen pikiri öňe sürýänleriň hem barlygyny belläp
geçipdik. Bu garaýyşlaryň haysysy dogry bolsa-da onuň,
biziň ýurdumyz hem halkymyz bilen baglanyşygynyň
barlygy ikiuçsyzdyr.
Mad (Midiýa):
„Madaý“, „Madawdepe“ ýaly görnüşlerde-de
ýazylyp galan bu söz, R. Girşmaniň pikirine görä diňe
ýer-ýurt ady bolupdyr. Girşmän hem-de bu ugurda
ýörite iş ýazan A. M. Diakonowyň pikirine görä bolsa,
bu sözüň Indo-German dillerinde hiç hili köki ýokdyr.
Diakonow „Mad“ sözüni „Matape“ görnüşinde Ilam
diline degişli hasap edýär. Biziň pikirimize görä, bu söz
Ilam dili bilen garyndaş dil bolan Sumer diline-de
degişlidir, sebäbi ol „Mada“ görnüşinde Sumer dilinde
„ýurt, medeniýet ýurdy“ ýaly manylary aňladýar (ser.
5000 ýyllyk Sumer-Türkmen baglary, sözlük bölümi).
Eýsem „Madaw dagy“, „Madawdepe“ we köne
ýurt bolan “Madaw” atlarynyň biziň ýurdumyzda
bolmagy nämäni aňladýarka?. Birinjiden, bu söze
Sumer (şumer) dilinde belli many tapylmagy, ol gadymy
halkyň, ýokarda-da görşümiz ýaly, Türkmenistan bilen
baglanyşygyny nygtaýar. Ikinjiden bolsa, taýpa birleşigi
bolan Madlaryň (Midialylaryň) ilkinji ýurdy günbatar
Türkmenistan bolup ol ýerden hem taryh boýy
gaýtalanan beýleki göçler ýaly günorta Azerbeýjana
baryp ilkinji döwletlerini gurupdyrlar diýen pikiri
hakyda getirýär. Ýokarda Diakonowyň „Madlaryň
112
azyndan üç taýpasynyň Turanly bolupdyr“ diyip
açyklamasy-da bu pikiri goldaýar. Eger-de bu
aýdylanlar dogry bolsa onda, Iskit şasy Madisiň ady-da
şol sözden gelip-çykan bolmaly.
Gerrhi:
Ýokarda görşümiz ýaly Herodotyň berýän habaryna
görä Iskit han-begleri hem şa urugy, ölülerini „Gerrhi“
atly taýpanyň ýaşaýan ýerine eltip jaýlar ekenler. Bu
taýpa biziň pikirimizçe örän gadymy taýpa bolan, özüde diňe türkmen halkynyñ düzüminde bolman eýsem
beýleki türki halklaryň arasynda-da örän ýaýbaň
ýurtlarda ýaşaýan „Gereý“ taýpasynyň ata-babalary
bolmaly. Bu etnonim hakynda „şejere“de şeýle
maglumat bar:
„Gazaklarda, özbeklerde we türkmenlerde
[Tatarlarda, Azerbeýjanlarda we beýleki Eýranda
ýaşaýan türklerde-de bar, B.G.] duş gelýän Gereý diýen
tireleri alymlaryň aglabasy mongollaryň „Kerait“
taýpasynyň galyndysy hasap edýärler. Reşideddin
„Taryh ýygyndysy“ diýen işinde Keraitleri özbaşdak
hökümdary bolan we mongollaşan (mongola ýakyn)
Türki taýpa hasap edýär. XIV asyrda Çingiz hanyň
neberesi Togluk-Temir tarapyndan esaslandyrylan we
Gündogar Türküstany, Daşkent etraplaryny, Jetiögüzi
hem-de Günorta Sibiri öz içine alan Mogolystan diýen
feodal döwletiň halky türki bolsa-da, oňa mogollar diýen
at berilýär. Gereýliler hem şol halkyň bir ülüşidir.
Mogolystan dargandan soň, Gereýliler ýokarda ýatlanan
halklaryň arasyna siňip gidýär...
Gereý, Gireý sözüniň ger, gir bölegi Geren (Pamyk
taýpasynyň düzüminde), Gerkez (Gökleň), Gerreý
(Agar), Gerre (Ata), Girdek (Teke), Girjik (Teke), Girne
(Ŷemreli), Girraz (Ŷomut), Girran (Ata), ýaly tire
113
atlarynda-da gaýtalanýar, ýöne bu sözüň manysy
häzirlikçe bize düşnüksiz. Gereý sözi kerait sözünden
bolsa, onda onuň yzyndaky „-t“ gadymy altaý dillerinde
köplük sanyň goşulmasydyr...“64
Gereýli Azerbaýjan türklerinde, hem bir saz
mukamy hem-de dörtleme görnüşindäki bir goşgy
hiliniň adylygyny-da belläp geçýäris.
Borkas (Bortas, Bartas...):
Ýunan çeşmelerinde Iskit taýpalaryndan biri diýip
ady geçýän bu taýpanyň häzirki türkmen taýpasy
„Burkaz“ bilen gabat gelýäni gyzyklydyr. Ýokarda
görşümiz ýaly „M. Etemados-sältänä“ bu taýpa hakynda
gadymy çeşmelere salgylanmak bilen: „Olar alaçykda
(alaçyk=türkmen öýi) ýaşan, Hazarlar bilen goňşy bir
iskit taýpasydyr“ diýip ýazýar. Türkmen taýpasy bolan
Burkazlar şu gün takmynan şol ýokarda salgy berilýän,
Hazar deňiziniň töwereginde ýaşaýarlar. Hazar deňizi
bolsa öz adyny şol gadymy Borkaslar bilen goňşy bolup
ýaşan Hazar taýpasyndan alypdyr. Bu barada
„Şejere“de gyzykly maglumatlar bar. Alym kitabynyň
“Burkaz, Barkaz, Gerkez, Çerkez” baradaky düşündiriş
bölüminde, bu etnonimleriň söz ýasalyş ýollary, ýagny
porumlary
(formalary)
boýunça
bir-birine
ýakyndyklaryny, Burkaz taýpasynyň ady Abulgazynyň
“Şejereýi Terakeme” atly eserinde “Burkas ili”
görnüşinde
ýazylandygyny,
hatda
Garadeňiziň
ýakasynda Burkaz porty barlygyny ýatlamak bilen
gürrüňini şeýle dowam etdirýär:
„Burkazlaryň Türkiýe etrapyna Seljuklaryň
hereketi döwründe (XI asyrda) gelendigini nazara alsak,
onda burkazlaryň has öň dörändigine göz ýetirmek kyn
däl. Etnograf alymlar hem bu etnonimiň juda irki döwre
64
ýene şol. S.113
114
degişlidigine göwä gwçýärler. Meselem, alym G. I.
Karpow Burkaz sözüniň aslyny Bükdüz ýa-da Bekdili
diýen Türkmen taýpasynyň adyndan gözlese, Ors alymy
A. P. Kowalewskiý ony Wolga boýlarynda ýaşan gadymy
Bulgar diýen türki halkyň adyna syrykdyrýar. Onuň
pikiriçe, Syrderýa sähralarynda ýaşan gadymy türkleriň
“r” sesine derek “z” sesini ulanýan toparynyň dilinde bu
at şeýle ösüşi we üýtgemäni başdan geçiripdir: Bulagar
(a sesi gysga) –Bolgar-Balgar-Bargaz-Burgaz-Burkaz.
Burkaz etnoniminiň manysy barada ýene-de käbir
çaklamalary ýatlap geçeliň.
Burkaz ýaşulylary, şeýle-de şu taýpadan çykan
edebiýatçy alym Baba Weliýew, Burkaz sözüni “Böri
Oguz” sözleriniň fonetik taýdan biraz üýtgän görnüşi
hasap edýärler.
Ýene bir çaklama. Gadymy türki eýýämde (biziň
eramyzyň başlarynda) Baýkal kölüniň kenarlarynda
Bargutlar diýen türki taýpa ýaşapdyr. Türkmenleriň
ata-babalarynyň şol etrapda ýaşandygyny nazara alsak,
Burkaz etnonimini Bargutlar bilen baglanyşdyrmak
hem maksada laýykdyr. Bargut sözüniň Burkaza
geçişini bolsa dil nuktaýnazardan delillendirmek aňsast:
bargut-borgut-burgut-burgat-burgaz-burkaz.
Bargut
sözüniň ahyryndaky –t, Burkazyň yzyndaky –z(-s)
goşulmalary gadymy türki dillerde jemi, köplügi
aňladypdyr.
Eger Burkaz etnonimini Warkaz, Gerkez, Çerkez
sözleri bilen bir morfologik hatary düzýän at
hasaplasak, onda ony bur we kaz diýen iki bölege
bölmeli bolar. Ýöne bu ýagdaýda bur sözüniň manysy
düşnüksiz bolup galýar. Adyň yzyndaky kaz bölegi, biziň
pikirimizçe, -k we –z diýen iki sany gadymy türki
goşulmanyň biri-biri bilen sepleşip, kebşirlenip giden
görnüşi bolsa gerek. Ol sözbaşyda sanalýan beýleki
115
etnonimlerde hem gaýtalanýar: War-kaz, Ger-kez, Çerkez.[alymyň bu goşulma söz baradaky pikirini, Parfiýa
hakda ilkinji uly eser ýazan iňlis alymy J. Rawlinsonyň
hem bir wagtlar tassyklap gidenligini aşakda göreris. B.
G].
Warkaz
diýen adyň War bölegi Tekeleriň
düzümindäki War, Ýömutlaryň Orsukçy urugyndaky
Waran, Arabaçylardaky Warrak diýen tire atlarynda-da
gaytalanýar. Gadymy Türki taýpalar Baýkal we
Mongoliýa etraplarynda ýaşan döwürlerinde Warlar
olar bilen goňşy oturypdyrlar, hatda Türk kaganynyň
Warlar bilen urşanlygy baradaky maglumatlar hem
taryhda saklanypdyr. VI asyrdan başlap Warlar türki
taýpalaryň arasyna siňipdirler...“65
Alan, As, Massaget, Sarmat:
Bu taýpalaryň-da Iskitlere degişli taýpalar
düzüminde bolandygyny biz ýokarda görüpdik. Tryhçy
alym N. Rosliakof özüniň “Türkmenleriň gelip-çykyşy”
atly kitabynda bu barada şeýle ýazýar:
„Dahlar, Massagetler we Sarmatlaryň bir bölegi
Türkmenleriň esasy hem gadymy ata-babalary
bolmalydyr. Kä alymlar hatda Tekeleriň ata-babalary
Dahlar we ýomutlaryň aňyrsy bolsa Sarmatlardyr diýip
hasap edýärler... Alanlary-da Sarmat hem Massaget
taýpalarynyň nesli we Türkmenleriň aňyrsy hasap
edýärler, has anygy Alanlaryň bir tiresi bolan
„Ýaslar“y, Ýazyr taýpasynyň (häzirki Garadaşlylaryň)
ata-babalarydyr diýýärler..“66
Bu taýpalar barada „Şejere“de hem şeýle
maglumatlar bar:
65
66
ýene şol. S.84-86
N. Rosliakow ´´Türkmen halkynyň gelip-çykyşy´´ Aşgabat-1956
116
„Türkmen taýpalarynyň biri bolan Alamlaryň
wekilleri häzirki döwürde Hojammaz raýonynyň
merkezinde hem-de öňki Olam oba sowetinde, Çarşaňňy
raýonynyň
Akgumolam... şeýle-de owganystanda
ýaşaýarlar...
Salyrlaryň Garaman we Ýomutlaryň Garaçuka
bölümlerinde-de
Alam,
Kaşgaderýa
welaýatiniň
Baharystan raýonynda ýaşaýan Pamyk Türkmenlerinde
bolsa Alan diýen tireler bar. Bularyň ählisi aslynda bir
kökden emele gelen toparlar bolup, olaryň Olam, Alam
we Alan diýen atlary hem şol bir sözüň dürli fonetik
öwüşgünleridir...
Türki halklaryň köküni yzarlaýan alymlaryň
aglabasy häzirki Olam taýpasyny we Olam tiresini
gadymy „Alan“ diýen halk bilen baglanyşdyrýarlar.
Dogrudan-da II-IX asyrlarda Alanlar köpçülikleýin
Demirgazyk Kawkazda ýaşapdyrlar. IX-X asyrlarda
olaryň bir bölegi Horezm döwletine degişli bolan
Sarygamyş kölüniň töwereginde oturýan ekenler.
„Türkmenistan SSR-niň taryhynda“ (I tom I kitap)
gürrüň berilşine görä, Sarmat, Massaget taypalar
toplumyna degişli bolan Alnlar baryp biziň eramyzyň
(isadan soňky) I asyrynda Azof deňzinden tä Arala çenli
giň territoryýa ýaýrap, Türkmenistanda, umuman Orta
Aziýada ýaşaýan halklaryň düzümine giň ornaşan halk
bolupdyr. Akademik
A. A. Rosliakow Alanlaryň
mundan 2000 ýyl ozal Türkmenistana aralaşandygyny,
Türkmen halkynyň arasyndaky süýri kelleligiň
(dolihotsefaliýanyň), gyzyl reňkli eşigiň, atyň käbir şaýsepleriniň Türkmenlere hut Alanlardan geçenligini
belleýär. Taryh ylymlaryň doktory, G. P. Wasiliewa
Olam taýpasynyň hem-de Salyrlaryň Alam urugynyň
hut
Horasan
(ýa-da
Sarygamyş)
Alanlarynyň
nebereleridigini, olaryň Abu Reýhan al-Biruni (973-
117
1050) döwründe beýleki Türkmen taýpa-tireleri bilen
goşulşandygyny ýazýar. Şu alymyň şaýatlyk etmegine
görä, entek X-XI asyrlarda-da şol Alanlaryň
gepleşiginde esasy Türkmen şiwelerinden ep-esli
tapawut bolup, olar Horezmlileriň we Peçenekleriň
gatyşyk dilinde gepläpdirler.
Diýmek, Alanlar azyndan 1000 ýyl mundan ozal
Türkmen taýpa-tireleri bilen gatyşyp, olaryň arasyna
siňipdir, ýöne öz gadymy Alan diýen adyny Alam we
Olam görnüşinde şu günlere çenli saklapdyr.
Geçmişde Alanlara As ýa-da Ýas hem diýlipdir. Bu
gadymy taýpanyň Oseti (Osetin) halkynyň döremeginde
aýgytly rol oýnandygyny şu ýerde ýatlap geçmek gerek
(ýeri gelende aýtsak, Osetinleriň emele geliş prosesineetnogenizine-Halaçlar hem gatnaşypdyr). ..
Alan diýen adyň As ýa-da Ýas diýen wariantlaryda Türkmen etnonimiýasynda şöhlelenipdir. Muňa
Çowdurlaryň (Igdirleriň) düzümindäki Asa hem-de
Ýasa diýen tire atlary şaýatlyk edýärler.
Diýmek, Olam, Alam, Alan, As diýen tire-taýpa
atlary gadymy Alanlaryň adyna syrygyp, olar Türkmen
etnonimiyasynyň iňňän irki gatlagyna degişlidir.“67
Kimir:
Ýokarda görşümiz ýaly bu taýpa Saklaryň
goňşusy bolup, Saklar olary gysyp çykaryp olaryň
ýurtlaryna
ýagny
Garadeňiziň
demirgazygyna
ýerleşýärler. Bu taýpanyň yzy, Ýomutlaryň arasynda
edil gadymkysy ýaly „Keýmir“ taýpasynyñ ady bilen
Türkmensährada ýaşaýarlar.
Tuhary:
67
´´Şejere´´ s.42-44
118
Bu Sak taýpasynyň yzy bu gün „Togar/Towar“
görnüşinde ýaşaýarlar. Bu taýpa hakynda Şejerede şeýle
maglumat bar:
„Ärsarylaryň ýabany urugynyň Towar ýa-da
Togar tiresiniň adyny iki hili düşündirmek mümkin.
1-Biziň eramyzdan öň Amyderýa, Murgap we
Tejen derýalarynyň boýunda ýaşan we Toharystan
diýen ýurda adyny geçiren gadymy „Tohar“ diýen
halkyň adyndan. Garagalpak alymy D. Aýtmyradow bu
etnik ady „tuk“ (tük, tüý) we „hara“ (gara) diýen türki
sözlerden hasaplap ony „gara saçly“ diýip düşünýär.
2-Gypjaklaryň „Tog“ taýpasynyň adyndan we
„ar“ diýen köplük goşulmasyndan. Şu çaklama dogry
bolsa, onda Ärsarylaryň Towuk (tow/tog sözünden we „uk“ diýen köplük goşulmasyndan durýar), Towy,
Togaçy, Olamlaryň Tokly tireleriniň atlaryny hem Tog
diýen etnik at bilen asyldaş hasaplamak mümkindir.
Gnur:
Herodot Saklaryň öz däp-dessurlaryna gaty bagly
bolup, däpden azany duşman hasap edýändikleri hakda
gürrüň edende, bu taýpanyň-da adyny tutýar.68
Bu taýpanyň ady türkmeniň „Goňur“ taýpasynyň
aňyrsy bolmalydyr diýsek, ýalňyş bolmasa gerek.
Neur
Herodot birinji kitabynda, pars şasy Dariosa
(Dara) garşy söweşde ýygnanan taýpalaryň arasynda
Neurlardan, Budin, Sarmat we başgalardan at çekýär.
Şonuň ýaly-da dördünji kitabynyň 17-nji bölüminde-de
Neurlar daýhan taýpadyr diýýär.69
68
69
Herodot “Neun Bücher Der Geschichte”IV-76, s. 307-8
Ýene şol, IV-17, s. 285
119
Türkmeniň Nohur taýpasynyň aňyrsy-da şolar
bolsa gerek. Nohurly tiresini pars dilindäki ;Noh har;
bilen ;ly; goşulmasyndan hasap etmekligiñş edil Aşgabat
sözüni ;Aşyklaryñ şäheri!; diýip, sözleriñ düýp köküne
we taryhy hakykatlara seretmeden, örän yalñyş hem
ýüzleýje ýorumdyr diýip düşünýärin.
Budin:
Bud (Bod, Boý) gadymy türkçede “taýpa, tire”
diýen manysy bar, “-in” bolsa gadymy türk dilinde
köplük goşulmasydyr. Netijede, Budin (Bodun) sözi,
taýpalar diýmekdir.70
B- Ynsan, ýer-yurt we beýleki atlar:
Annap:
Iňlis alymy Jorj Rawlinson bu barada: “Turan
kökli bolan Annp sözüniň manysy Taňry bolup, Part
şalaryndan “Am-inap-es”iň adynyň hem bu sözden
gelip-çykan bolmagy ähtimaldyr” diyip ýazýar.71
Annap sözüne biz Sumer dilinde şeýle düşünip
bilýäris: Bu sözüň köki bolan “AN”yň sumer
ýazgylarynda belgisi bir ýyldyz (*) bolup, ony iki hili
okapdyrlar. Bir okalyşy AN ýagny “asman”, ikinji
okalyşy bolsa “DINGIR” ýagny “Taňry”. Hem sumer
dilinde hem-de gadymy türki dillerde asman bilen
taňrynyň ady bir boupdyr. Ýagny gadymy türki dillerde
taňry (tangri,tengri) hem taňry (hudaý) hem-de asman
(gök) diýen manyny aňladypdyr. Onsoň sumer dilinde
“AN” sözünden ANU (biziň Änew sözümizi-de günbatar
70
Talat Tekin “Orhon Yzytlary” Istanbul-2003, s. 100
- J. Rawlinson, M.A. “Sixth Great Oriental Monarchy” London-1871,
s.23
71
120
alymlary ANU we ANAU görnüşlerinde ýazýarlar)
ýagny “Asman Taňrysy”, iň uly Taňry, IN-ANNA ýagny
gözellik taňrysy, ANNA-TU bir “Ene Taňry”nyň ady
ýaly köp goşma sözlere gabat gelýäris. Şeýle sözler edil
Sumer dilinde bolşy ýaly Türkmen dilinde-de örän köp
ulanylýar. Mysal üçin Anna güni ýagny “jumga güni”,
jumga güni bolsa mukaddes we taňrynyň güni
hasaplanýar. Netijede ANNA sözüne “Taňry” diýip
düşünmek mümkin bolýar. Şonuň ýaly hem
Annaberdini Taňryberdi, Annagulyny Taňryguly bilen
deň manydadyr diýip bolar.72 Parfiýa şazadasy
“ANAK”73, Partlaryň dinine degişli at bolan
“ANAHITA”nyň74 hem ýokardaky sözler bilen köküniň
birligi aýdyň suratda duýulyp durmyka diýýärin.
Ýokarda agzalan Part şasy “Aminapes”iň ady hem
Türkmen ady “Annanepes”i hakyda getirýär.
Anak:
Part şalaryndan birisi. Bu at bilen bir kökdenligi
duýulup duran atlar Türkmenleriň arasynda Anna,
Annak, Annam, Annaly ýaly köp ulanylýar. Anak
barada şeýle maglumat bar: “Pars şasy Artaşir,
Arşaklaryň (Ärsaklaryň, m.) tagta çykmadyk Suren
urugyndan bolan Anaka, ýalandan Ermenistanyň
şalygyny wada berip öldürýär”75
Suren (Süren):
Ýokarda görşümiz ýaly Part urugyna degişli. Bu
at, Part taryhynda şahs ady bolup-da geçýär, manysy
bolsa “goşun başlygy”dyr. Süren ady ýomutlaryň Ak72
- ´´5000 ýyllyk Türkmen-Sumer baglary ´´, sözlük bölümi
- E-temad-ässal-tänä.. ., s.294
74
- R. Girshman, s.298
75
„Türk Tarihinde Ermeniler“, Ankara-2001, s. 63
73
121
Atabaý taýpasyndaky gadymy atlardandyr. Bu sözüň
köki “sü,su” gadymy türkçede, şol sanda Orhun
ýazgylarynda “goşun” manysynda gelýär76. Men 2004nji ýylda ermeni taryhçysy ;Levon Dabagýan; bilen
Istanbulda görüşemde, onuň pikrini bilmrk üçin,
ermenilerde ýörgünli at bolan “Suren” sözüniň
manysyny ondan soradym. Ol maňa onuň manysy goşun
bilen bagly diýýärler diýdi. Men oňa: gadymy türkide
“su, sü” söziniň manysy “goşun”dyr diýenimde ol:
“dogrudur, bizde türkler bilen garyndaşlyk bardyr”
diýdi. Soňra men onuň ýazan “Türkiýe Ermenileri
Taryhy” atly kitabynda şeýle setirlere gabat geldim:
„Türk we Ermeni dilleriniň gatnaşyklaryny hemde biri-birine geçen sözlere üns berenimizde: biziñ
eýýamymyzdan öňki döwürlerde Ermenileriň başga bir
Turanly halk bilen ýakyn gatnaşygy netijesinde ýüze
çykandygyny aç-açan görmek bolar. Meselem: Erm.
Ýug, Türk. Ýag, Erm. Torn, Türk. Torun (agtyk), Erm.
Sogh, Türk. Sogan, Erm. Geras, Türk. Kiraz we başg.“77
Ähli taryhy çeşmelerden belli bolşuna görä Part
(Ärsaklar) döwründe häzirki Ermenistan bu beýik
döwletiň Günbatar welaýatlarynyň biri bolupdyr.
I (IK, IKH):
Bu sözi A. Wambery başga bir günbatar alymy,
„Mordtmann“yň işine salgylanmak bilen „derýa, irmak,
akar suw” diýip many edýär78 “I” sözi edil şol manyda
Sumer dilinde-de bar.79 Şu sözden gelip-çykan “I-til, Idil, I-del” (Wolga derýasynyň gadymy türkçe ady),
76
Talat Tekin, „Orhon Yazitlari“ Istanbul-2003, s. 109
Levon Panos Dabagýan „Türkiye Ermenileri Tarihi“ Istanbul-2003, s.
33
78
A. Vambery ´´Geschichte Buchara´´ s.11
79
´´5000 ýyllyk Türkmen-Sumer baglary´´, sözlük bölümi
77
122
“Ýay-Ik”(Ýaýyk) (Ural derýasynyň gadymy türkçe ady),
“Am-I” (Amyderýa) ýaly atlar, bu sözüň, gürrüňini
edýän döwrimizde-de, ondan has ozal hem türki
halklaryň tarapyndan giňden ulanylandygyny aňlatýar.
“I-digna” sözi hem sumer dilinde Tigir we Ýefrat
derýalarynyň ady hökmünde ulanylypdyr. Ýeri gelende
aýtsak, “Mary“ sözüne-de Sumer dilinde „Mar-I“
görnüşinde „Öküz derýasy” (mar=öküz) diýen many
çykarmak mümkindir.80
Bu sözleriň ählisinde-de „I“ kök sözi „derýa”
manysynda bardyr. Edil şu günki Azerbeýjan we
Türkiýe türkçesinde derýa, akar suw manysynda
ulanylýan “Irmak” sözüniň başynda-da “I” bar. Ýene
bir tarapdan “ik” sözi “ak, akar” sözüne-de gaty uzak
däl.
TANE:
Herodotyň taryhynda bu söz belli bir derýanyň
ady
hökmünde
geçýär.
Bu
sözüň
türkmen
dessanlaryndaky “Tüni derýa” (bu derýa gadymy
Köneürgenç şäherinden geçýän eken) hem-de Gündogar
Ýewropadaky “Dona” derýasynyň ady bilen köküniň bir
bolmagy duýulyp dursa-da onuň haýsy dile degişlidigi
we manysynyň nämeligi hakda häzirlikçe biziň elimizde
anyk maglumat ýok. Ýöne gadymy türk dilinde
(Kaşgarly Mahmuduň sözlüginde) “tün” gije we tünmek,
gijäni bir ýerde geçirmek manyda bar. Daşoguzlylardan
eşidişime görä Tüniderýa diýmek ýagny; haýsy ugra
akýany belli bolmadyk, islendik ýerden akyberýän derýa
diýmekdir.
ASA:
80
ýene şol, s. 48
123
A. M. Diakonow bu sözi “gadymy pars diline
degişli bolup, şu günki pars dilindäki äsb sözüniň
kökidir” diýip düşündirýär. Emma biziň pikirimizçe şu
aşakdaky iki delile görä “asa” sözüniň köki aslynda türk
sözi bolan “at” sözünden gelip çykan bolmaly, sebäbi:
1Alymlaryň bir agyzdan kabul edişi ýaly
aty ilkinji terbiýeläp ýetişdiren türki halklar, has
anygyragy biziň ata-babalarymyz bolupdyr, HindiÝewropalylar bolsa ony türki halklardan alypdyrlar.
Netijede ady-da ony ýetişdiren halklardan beýleki
halklara geçen bolmaly. Şu gün hem “maşyn”, “radio”
ýaly sözler ony oýlap tapan halkyň aýdyşy ýaly, ýöne
belli drejede ýoýulan görnüşinde (yradyýa ýaly) beýleki
halklara geçýär.
2“t” sesiniň “s” we “ş” seslerine öwrülmegi
hem türki dillerde, gadymy Grek dilinde (seret. S. Diker
“Türk diliniň 5000 ýyly” Istanbul-2000,s. 103) we
ebýleki dillerde-de kanuna laýyk hadysadyr. Mysal üçin
A. Wamberyniň açyklamasyna görä häzirki aş söziniň
köki, türki söz bolan et sözi bolup ol, et > es > eş > aş
görnüşlerine öwrülmek prosesini geçiripdir.81
Biziň pikirimize görä “at” sözi-de bu sözi alan
halklaryň diliniň fonetikasyna uýgunlykda at > as > asa
> äsp we başga görnüşlere üýtgeýiş prosesini geçiren
bolmaly.
KARTASIS:
Günbatar alymy Gutschmidtiň pikirine görä bu
söz türki gardaş (kardaş) sözüniň ýoýulybyrak aýdylyp
ýazylyşy bolmaly. Ol sak şasynyň doganynyň
(gardaşynyň) adydyr. 82
81
82
A. Vambery ´´Das Turkenvolks´´, s.48
Rahym Reisniýa ´´Azerbaýjan där seyre Taryh´´ s.22
124
ISPAKA:
Iskit şasynyň ady. Geçen bölümde bu türki sözüň
“it, köpek” diýen manysy bolup, şu gün hem kä türki
halklarda adam ady hökmünde ulanylýandygyny
açyklapdyk (ser. Saklar…bölüme).
TUMAR-IS:
Eýran şasy Kuroşy ýeňen Sak hanym şasynyň ady bolan
bu söz, günbatar alymy “Paul Wittek”iň açyklamasyna
görä, türki söz bolan temir (demir)iň Ýunanlylar
tarapyndan ýoýulybyrak ýazylyşydyr.83
“Tumar” adynyň bu gün hem örän ýörgünli
türkmen aýal ady bolup saklanmagy örän manylydyr.
Türkmenistanyñ Lebap welaýetindaky gadymy Tumer
(Tumarly) gala ýadigärliniñ bu at dogrusynda kesgitleýji
ähmiýeti bardyr.
DIZABUL(DIZAWUL, DIZEÖL):
Bu sözüň A. Vamberyniň açyklamasyna görä
« düzgün-tertibi saklaýjy » hem-de şahyň orunbasary
(der Ordner, Regent) ýaly manylary aňladýar hem-de
iskit köşk adamlarynyň biriniň ady ýa lakamy
bolupdyr.84
Dizabul(dizawul) sözüniň manysyna seredilende
onuň « düz, düzgün » (kä türki halklarda diz, tiz)
sözünden gelip çykandygy duýulyp dur. Ýasawul ,
garawul ýaly sözleriň « ýasa » we « gara » ýaly sözlerden
ýüze çykandygyny göz öňünde tutanymyzda, dizawul
83
84
Ý. Öztuna ´´Başlangyçdan... .´´ s.22
A. Vambery ´´Das.. .´´ s.15
125
(dizabul) sözüniň hem « düz ýa diz » sözünden gelip
çykmagy örän tebigydyr diýip düşünýärin.
OX(OKS) :
Ýunan çeşmelerinde « Tejen » derýasynyň ady
şeýle ýazylypdyr (kä alymlaryň pikrine görö bolsa,
Amyderýa şeýle atlandyrylypdyr). Köne türki dillerde
« öküz,ögüz » sözi derýa manysynda-da ulanylypdyr.85
DURA :
Bu söz ýunan çeşmelerinde ady geçen belli bir ýurt
ady .86 Bu sözüň Türkmenistandaky köne ýurt ady bolan
« Durun » bilen baglanşygy bolmagy mümkin. Sumer
dilinde-de « Durun » sözi « ýurt tutmak, togtamak,
ýurt » ýaly manylarda bar.87
SAKARAWKES (SACARAUQUES) :
R. Girşmeniň açyklamasyna görä :
« Merkezi-Aziýadan
gelen
çarwa
taýpalar,
Ýunanly « Balh » hökümetini dargadyp, Amyderýanyň
orta akymynyň günorta we demirgazyk tarapyndaky
çölleri we ol ýerdäki birleşen iki topary ýagny,
günbatarda SAKARAWKESleri, gündogarda bolsa
ÝUÇY ýa-da TOHARY basyp alýarlar. »88
SAKARAWKES sözüniň Türkmenistandaky tiretaýpa hem ýurt atlary boloan SAKAR, SAKARÇÄGE
ýaly atlar bilen baglanşygy duýulyp dur. Bu barada
Şejerede gyzykly maglumatlar bar :
« G. I. Karpof SAKAR etnonimini gadymy Grek
(Ýunan) alymlarynyň eserlerinde teswirlenýän SAK,
85
86
87
88
A. Vambery ´´Geschichte.. .´´ s.XXI
R. Girshman.. . s.339
´´5000 ýyllyk… sözlük bölümi
R. Girshman..´´ s.293
126
SAKARAUK, SAKARAUL ýaly taýpalaryň adyndan
hasaplaýar. Strabonyň ýazyşyça, biziň eramyzdan
(Isadan) öňki 206-njy ýylda SAKARAUKLAR
Syrderýanyň orta akymyndaky SOGDIANAny basyp
alyp, ol ýerden Mara gelýärler. Herodot bu halky
Garabogaz bilen Maňgyşlak aralygynda ýerleşdirýär.
Mälim
bolşy
ýaly,
SAKARAUKLAR
(SAKARAULLAR) ;SAK ;laryň özüdir ýa onuň bir
bölümidir… »89
Partaw :
Bu goşma at iki sany « Par » we « Taw » düýp
sözden ýüze çykypdyr, manysy bolsa « Pardag »
(Parlaryň dagy) bolup, gadymy döwürlerde Köpetdagyň
bir bölegine berilen atdyr. Şu gün hem türki halklardan
Başgyrt, Tatar we Gazak dillerinde ;dag ; sözüne ;taw ;
diyilýar90. Bu barada taryhy çeşmelerde şeýle maglumat
bar :
« Parfiýalylar gadym eýýamlardan bäri üç
welaýatda : Parfiena, Apawertikena we Astauena
welaýatlarynda ýaşapdyrlar. Munuň özi gadymy halk
bolup,
Parfiýen
welaýaty
şonuň
ady
bilen
atlandyrylypdyr, soňra bolsa bütin Arşakit döwleti
tutuşlygyna şol ady alypdyr; Köpetdag gerşiniň bir
bölegi ;Partaw; daglary diýlip atlandyrylypdyr... »91
Bu bölümiň soňunda, Sak taŷpa birliginiň Türk
halklaryna degişlidigi hem-de gelip-çykan ŷurtlarynyň
Türkmenistanyň çäkleri bolandygy hakynda, tanymal
Gazak alymy, Runik türk ŷazuwlarynyň hünärmeni,
prof. Altaŷ S. Amanjoluwyň, Ysykgölden tapylan
89
´´Şejere´´ s. 181
“KARŞILAŞTIRMALY Türk Lehçeleri Sözlügü” Ankara-1992, s.
142-3
91
Türkmenistanyň (TSSR) Taryhy, I. jilt, Aşgabat-1959, s. 103
90
127
Saklara degişli ŷazuw ŷädigärliklerine esaslanyp ŷazan
ylmy garaŷşy bilen tanyş bolalyň :
« Gadymy göçmen taŷpalar bolan Saklaryň dilleri
hakynda ŷalňyş pikirleriň orta atylmagy bilen bir
wagtyň özünde, bürünç asyrynda Sibir bilen
Gazagystanda ŷaşan halklary-da Hindi-Eŷran weŷa
Eŷran dillerinde gepletmäge dalaş edenler-de bar.
Aslynda biz, Altaŷ we Ŷedisuwda ŷaşan halklaryň diňe
Hindi-Eŷran (Ary) dillerinde geplän halklar bilen
taryhy ŷakynlygyny hem gatnaşygy bolandygyny ileri
sürŷän pikirleri tankyt astyna almalydyrys.
Sebäbine gelenimizde ; « bu ŷuwrtlarda ŷaşan iň
gadymy halklar Hindi-Eŷran dilinde gepländir » diŷen
pikiri düŷbünden ret edip, onuň gaŷtalap orta atylmaly
däldigini subut etmek üçin ŷeterlik belgiler
(dokumentler), Saklara degişli galalarda bar. Çünki
Saklardan galan bu ŷazuw ŷädigärlikleriň gadymy Türk
Runik elipbiŷi bilen bir kökden we meňzeşligi, bugün
herkime bellidir. İrtiş we İli derŷalarynyň ŷakalarynda
tapylan iň gadymy Türk ŷazuwlary hakynda çapdan
çykan kitabymyz ylym dünŷäsinde herkime tanyşdyr…
Etniki garyndaşlygy subut etmek üçin, dil iň
ähmiŷetli belgidir. Ynsan toplumlarynda dil dürli
wezipeleri ŷerine ŷetirŷär. Ynsanlaryň arasynda
gatnaşyk guraly bolan dil, şol bir wagtyň özünde,
düşünjeleri beŷan etmekde we manylary aňlatmakda-da
ŷeketäk araçymyzdyr. Munuň üstesine-de dil aslynda
halkyň özüdir. Diŷmek, dil Etnik manysyna-da eŷedir.
Diliň wezipelerinden söz edilende onuň milli birligi
döretmekde örän güŷçli itergi berŷän güŷçdigini-de
nygtamalydyrys.
Mis döwründe (b. e. o. IV-III. ŷüzŷyllar), bürünç
döwründe (b.e.o. III. ŷüzŷylyň aŷagyndan I. ŷüzŷylyň
başlaryna çenli) Günorta Sibir we Gazagystan
128
topraklarynda ŷaşan gadymy taŷpalaryň dilleri hakynda
elŷeterli bolan belgiler ŷok diŷerlik derejede azdy.
Emma muňa garamazdan kä alymlar toslama sözler
ŷasamak arkaly, bu ilatyň Hindi-Eŷran weŷa Eŷran
dillerinde gepländiklerini orta atŷarlar. Emma bu
pikiriň esassyzlygy hakynda, bu temany uzak ŷyllar
işlän uly gazak alymy A. H. Margulan, özüniň ors
dilinde çap bolan kitabynda şeŷle ŷazŷar : « Karasuk
medeniŷetiniň daşky täsirler netijesinde ŷüze çykanlygy
hem-de bürünç
asyry we gadymy Saklar (İskit)
döwründe ŷaşan taŷpalaryň Eŷran asylly bolandygy
hakyndaky pikirleriň kabul edilmegi mümkin
däldir. »(A. H. Margulan, Begazi dandibayevskaya
kultura Tsentralnogo Kazakistana, Almaty 1979, s.
21)…
Gazagystan topraklarynda bürünç döwrüne degişli
ortak medeniŷetiň esasy, daş döwründe ŷüze çykypdyr.
Hut şoňa görä-de bürünç döwründe käbir Hind weŷa
Eŷranly taŷpalaryň bu ŷerik göçüp gelmesini sebäp
görkezmek arkaly, bosgunlar teoriŷasyny kabul etmegiň
manysy ŷokdur. »92
Alym soň Saklaryň ŷüze çykan ŷuwrtlary we onuň
Türkmenistan bolmak ähtimaly hakynda, iň gadymy
döwürlerden folklore öwrülip saklanan goşgulara
esaslanmak bilen, sözüni şeŷle dowam edŷär :
« Onomatiskada (dildäki has atlar we onuň özgeriş
kanunyny öwrenŷän ylym pudagy) örän uly ŷeri bolan
ŷer-ŷuwrt atlarynyň syryny öwrenmek üçin, aşakdaky
setirlere üns bereliň :
Gazaklarda :
Balkan, Balkan, Balkan taw
Ol-da bizdin bargan taw.
92
Altay S. Amanjolow, Türk Filolojisi ve Yazi Tarihi, İstanbul 2006, s.
35-39
129
Gyrgyzlarda :
Balkan, Balkan, Balkan tow
Any-da biz körgen taow.
Garagalpaklarda :
Tüŷe, tüŷe, tüŷeler
Dyzyň kaŷda, tüŷeler ?
Balkan tawdyn basynda
Balyk oŷnar kasynda.
Bu goşgulardaky ;Balkan; sözüne biz onçakly üns
beremizok. Sebäbi çagalykda sallançakda beŷnimize
girip galan sözi, diňe endik boŷunça gaŷtalap ŷatlaŷarys.
Emma bu gün, ŷer-ŷuwrt atlary ylmy garaŷyşdan
seredenimizde bolsa, bu Beŷik dag, Türkmenistanyň
Günorta-günbatarynda ŷerleşŷän uly we kiçi ;Balkan;
daglarydygyna göz ŷetirŷäris… aslynda Balkanyň şeŷle
ulaldylyp mahabatly suratlandyrylmagyň sebäbi, Uly
Balkandaky ;Arlan ; dagynyň beŷikliginiň 1880 metr
bolmagydyr. Şonuň üçin hem Gyrgyz dilinde ;Balkan
tow; sözi, beŷik, uly we äpet diŷen manyny
aňladŷar… »93
Alym sözüniň dowamynda türkleriň (türki
halklaryň) Saklar döwrüne degişli ŷazuwlary hem-de şol
ŷazuwlarda ulanylan dilleri hakynda-da örän gymmatly
maglumatlar berŷär :
« Türk halklarynyň ilkinji ŷazuwlary bolan
Runik elipbiŷiniň köki we gelip-çykyşy meselesi heniz
doly çözülenok. Bu ŷazuwy ilkinji gezek okan prof. W.
Thomsen, gadymy türk elipbiŷiniň Aramy elipbiŷiniň
esasynda döredilipdir diŷen pikiri orta atŷar.
Türkologlardan birnäçesi-de bu pikiri goldaŷarlar.
Emma ikinji bir topar bolsa (N. Aristow, A. J. Emre, İ.
A. Batmanow, K. Mirşan) bu elipbiŷiň keseki bir
93
Ŷene şol, s. 42-43
130
elipbiŷiň täsirinde däl-de eŷsem, Türk tagmalaryndan
dörändigini ileri sürŷärler.
Ŷarym asyr mundan öň Ŷ. Klaprotyň, « Runik
elipbiŷi gadymy Grek we Finik ŷazuwlary bilen bir
kökdendir »
diŷen
pikriniň
üsütni
ŷetirjek
maglumatlara diňe soňky zamanlarda gabat gelŷäris. Bu
ugurda araşdyryp öwrenenlerimiziň netijesi neşir edildi.
İşimiziň dowamynda, türk ŷazuwy haçan ŷüze çykypdyr
we ŷazuw däbiniň taryhy haŷsy döwürden başlanŷar ?
diŷen sorag garşymyza çykŷar. Ŷaňy ŷakynlara çenli
aŷdylyp gelinŷän, « türk elipbiŷiniň taryhy biziň
eŷŷamymyzyň V. asyrynda ŷüze çykypdyr » diŷen
düşünje dogrumyka ?.
İrtiş derŷasynyň ŷakynlaryndaky gadymy
mazarlaryň aŷratynlyklaryny açyklamaga çalyşan
arheologlardan F. N. Arsanowa, 1960-njy ŷylda gazuw
işine başlady. Pawlodar welaŷetiniň Bobrowaŷa
obasynyň töweregindäki mazarlaryň aŷratynlyklaryny
öwrenenden soňra, arheologlaryň bary-da olaryň b. e.
ozalky V-IV. ŷüzŷyllara, ŷagny Saklaryň döwrüne
degişlidigini subut etdiler. Mazarlarda, taryhy
döwürleriň syryny öz içinde saklaŷan aŷry-aŷry zatlar :
söweşijileriň jesedleri, ŷaraglarynda we başga uruş
gurallarynyñ ŷany bilen keŷik derisine oŷulyp ŷazylan
ŷazuwlar hem-de gözden-dilden goraŷan süňk heŷkeli
tapyldy. Bu ŷazuwy biz sagdan-sola, ;ak sykyn ; (ak
sugun) diŷip okadyk.
Heŷkeldäki runik ŷazuwyň, göçmen Türk
taŷpalaryndan bolan Saklaryň elipbiŷidigini aç-açan
görŷäris. Şonuň üçin hem bu ŷazuwlar, « Günorta Sybir
bilen Gazagystanda ŷaşan göçmen taŷpalarda Runik
elipbiŷiniň diňe biziň eŷŷamymyzyň V. ŷüzŷylynda ŷüze
çykypdyr »
şeklindäki
könelen
maglumatlaryň
131
ŷalňyşlygyny, munuň tersine, elipbi ŷazuwynyň ondan
müň ŷyl öň ulanylandygyny subut edŷär.
1970-nji
ŷylda ;İli;
welaŷetiniň
dag
eteklerindäki ;Esik ;
şäheriniň
töwereginde
Sak
döwrüne degişli (b. e. o. V-IV. ŷüzŷyllar) uly bir
mazarda K. A. Akyşewiň ŷolbaşçylygynda gazuw işleri
geçerildi. Mazaryň içinden altyn ŷaragy gujaklap ŷatan
jesed, dürli gap-gaçlar we ŷüzünde runuk ŷazuwy bilen
ŷazylan bir tekst hem bir kümüş käse tapyldy…
Gadymy Türk dilinde ŷazylan bu ŷazuwy biz
şeŷle okadyk :
aga saňa oçug !, bez çök !, bukun içre(r ?) açug i.
Aga saňa (bu) ojak ! kesekini çöker ! iliň iŷip-içeri
çäksiz (köp bolsun).
Sak döwrüne degişli bu gadymy ŷazuw, ŷaşaŷşyň
ol dünŷada-da dowam edŷänligini, şonuň ŷaly-da
« Gazagystanda ŷaşan ilkinji göçmenleriň ŷazuwy
bolmandyr » diŷen we adata öwrülen pikiriň ŷalňyşlygy,
onuň tersine, mundan 2,500 ŷyl öň-de Türk halklaryň
elipbili ŷazuwy bolup, giňden ulanylandygyny ap-açyk
görkezŷär.
Bu hakykatlardan çykŷan netije: gadymy runik
ŷazuwy biziň ata-babalarymyzyň 1,500 ŷyllap (b. e. o.
V.b.
eŷŷamymyzyň
X.
ŷüzŷyllar
aralygy)
ulanandyklaryny, elimizde bar bolan çeşmeler subut
edŷär. »94
Ŷokarda gözden geçirilen çeşmelere salgylanmak
arkaly, bu bölümi aşakdaky netijeler bilen jemläp
bileris :
1-Saklar (İskit, İskif) ady bilen tanalan taŷpa
birliginiň ata watany, Ŷokarda ady geçen Pumpelliniň
Açyklamalaryna hem-de Gazak alymy Jolamanowyň
gysgaça nygtamasyna, şonuň ŷaly-da Herodotyň salgy
94
Ŷene şol, s. 59-62
132
berŷän ýer-ýurt we taŷpa atlaryna görä Türkmenistan
bolupdyr. Çunki has gadymy döwürlerden, iň azyndan
b. e. ö. üçünji müňŷyllykdan başlap, olaryň uly bölegi
Türkmenistanyň
demirgazyk
we
günbatar
sähralaryndan Aziŷanyň beŷleki ŷuwrtlaryna, hem-de
Hazar deňiziniň demirgazygyndan günbatara tarap
göçüp gidipdirler. Bu göçmen taŷpalaryň galanlary
bolsa Türkmenistanyň soňky taryhynda, ylaŷta-da
Ärsaklar (Part) döwletini gurmakda aŷgytly rol
oŷnapdyrlar. Bu hakda geljek bölümlerde giňiräk
gürrüň ederis.
2-Saklar hakyndaky iň gadymy taryhy çeşme,
ŷokarda görşümiz ŷaly Herodot we käbir beŷleki Grek
taryhçylaryň berŷän habarlarydyr. Emma Herodot öz
ŷolagçylyklarynda Hazaryň gündogaryna geçmändir
(seret ; İlhami durmuş, s. 5). Ŷagny onuň
Türkmenistandaky (Amyderŷa töwereginde ŷaşan)
Saklar hakynda berŷän üzleň-saplaň maglumatlary
ondan-mundan eşiden habarlaryndan bolmaly. Eger
onuň özi Türkmen topraklaryny gezen bolsady, onuň
eserinde şol gadymy atlary bilen heniz hem aramyzda
ŷaşap ŷören ençeme Türkmen taŷpalaryň gürrüñi uly
orun tutardy diŷip düşünŷärin. Häzir bolsa bu
çeşmeleriň üstüni ŷetirŷän belgiler (dokumentler),
Saklara
degişli
kurganlardan
(gorganlardan,
depelerden) tapylan hem tapylŷan zatlardyr, ŷagny :
şaŷ-sepler, ŷüzi ŷazuwly uruş gurallary hem gapgaçlardyr. Hatta soň ŷyllarda bu ŷazuwlaryň alymlar
tarapyndan dogry okalmagy, gadymy taryhçylaryň
habarlaryny, ikinji derejeli çeşmä öwürdi.
3-Bu hakykatlary göz önünde tutmak bilen biz,
ŷokarda agzalan iki çeşmäniň ŷanynda, öz milletimiziň
düzüminde heniz hem ŷaşap ŷören we şol gadymy
Saklaryň nesilleri bolan tire-taŷpalarymyzyň atlaryny,
133
iňňän gadymlardan gelŷän däp-dessurlarymyzy, uzak
geçmişimiziň janly beŷany bolan el-işlerimizi we inçe
sungatymyzyň başga ugurlaryny, iň ähmiŷetlisi bolsa,
müňlerçe ŷyldan bäri milli barlygymyzyň sütüni bolan
örän baŷ ;ene dilimizi;, daŷanarlyk hem ygtybarly çeşme
hökmünde, ylmyň bu günki gazananlarynyň esasynda
gaŷtadan öwrenip many çykarmalydyrs diŷip
düşünŷärin.
134
Saklar döwrüne degişli Talas Runik
Ŷazuwlaryndan Nusgalar
T.2. (Aŷyrtam-Oŷ)
Okalşy:
Otuz oglan sagdyçlary95 piçin elte ŷegirmi
Türkmençesi:
Otuz ogluň “doslary” bijin (ŷylynyň) onaltysynda
Okalşy:
Er atym Gara Çur, ŷagy aty Kar Ŷazmaz
Türkmençesi:
Är adym “Gara Çur”, ŷagy ady “Gar Ŷazmaz”
Okalşy:
Alty uŷasy aga ŷer, ekiz siňili96... ölmiş
Türkmençesi:
Alty uŷasy aga ŷer, ekiz gyz dogany... ölmiş.
Okalşy:
Kara çur atumkol kar ŷazmaz
Türkmençesi:
Kara Çur atyjy Kol Kar Ŷazmaz (lakamly)
Okalşy:
Kara Çur esiz...özüge uŷalaryna adyrylmyş
Türkmençesi:
Kara Çur eŷesiz (idegsiz)...özüniň uŷalaryndan
aŷrylmyş (aŷryldy)
95
Sagdyç: dost. Mahmyt Kaşgarly. „Diwan-ul-lugat-et-türk“(D.L.T,)
Ankara-1991, IV. jild, s. 480
96
siňil: aŷal dogan. „Orhon Ŷazuwlary“ Talat Tekin, İstanbul-1995,
s.109. siňil: gelniň adamsynyň özünden kiçi aŷal dogany üçin ulanŷan
ady. M. Kaşgarly, ŷoardaky çeşme, s. 523
135
Okalşy:
Atasy aty Togan, ogly aty Kara Çur
Türkmençesi:
Atasynyň ady Togan (Dogan, Tagan?), oglunyň
ady Kara Çur
Okalşy:
Ogly ady
Türkmençesi:
Oglunyň ady
Okalşy:
Ogurady
Türkmençesi:
Sataşdy.
136
T. 8. (Aŷyrymtam- oŷ)
Okalşy:
Öbür (?97)... esiz98 seniň özüge
I... in alumaduk ökünçlüg...
otuz oglan sagdyçyg...
oglum esiz
Türkmençesi:
Öwey ene(?)... haŷp seniň özüňe
... alyp bilmedigiň ökünçli...
otuz oglan sagdyn dostuň...
oglum idegsiz (gözgyny, eŷesiz)
97
Obur, owur: öweŷ ene. W. Radlow, „Das Kutatgu Bilik“ St.
Petersburg-1910, s. 183
98
esiz: haŷp, gözgyny. M. Kaşgarly, D.L.T. (IV), s. 197
137
T. 10 (Aŷyrtam- Oŷ)
Okulşy: SÜ Çur oguş aty
Türkmençesi: Sü Çur, urugynyň ady
Okalşy: İnal99 oguş atysy100
Türkmençesi: Han urugynyň ŷegeni
Okulşy: Otuz oglan sagdyçy
Türkmençesi: Otuz oglan(yň) sagdyn dosty
Okalşy: Ŷagy aty kyŷagan
Türkmençesi: Ŷaw (söweş) ady Gyŷagan
Okalşy: Atasy aty Ötüg.
Türkmençesi: Atasy(nyň) ady, Ötüg.
99
İnel: Han ogly, Şazada. T. Tekin, „Orhon Ŷazuwlary),, s. 103
aty: ŷegen. ŷene şol çeşme, s. 98
100
138
T. 18 (Aŷytam- Oŷ)
Okalşy:
Kiçik kişim101 tul kaldy, torsyk oglum.
Türkmençesi:
Kiçi (aŷal) kişim dul galdy, torsuk (ŷaljak) oglum
(galdy).
Okalşy:
Kumar Çur. Er atym Eş Kuly, esiz özüm.
Türkmençesi:
Kumar Çur. Är adym Eş Kuly, eŷesiz (idegsiz)
özüm.
Okalşy: Uŷalar umda102 atça öküzçe.
Türkmençesi:
Uŷalarym çäresiz (hassa) atça (at ŷaly) öküzçe
(öküz ŷaly).*
*: Tekstler, gadym sözlüklerden peŷdalanmak hem-de türkçe
terjimesini göz öňünde tutmak arkaly türkmenleşdirildi. (B. Gerey)
101
kişi: adam, hanym, aŷal. D.L.T., IV. jild, s. 335
um: garyn çişmek hassalygy, D.L.T., IV. jild, s. 693. Uma-mak:
çäresiz bolmak, başarnyksyzlyk. Orhon Ŷazuwlary, s. 113
102
139
VII- Beýik Ärsaklar(Part, Parfiýa) döwletiniñ
ýüze çykyşy
(Ony guran ata-babalarymyz)
Ýokarda görşümiz ýaly,Türkmenistaynň gadymy
taryhy hakynda ýörite ýazylan çeşmelerden; (TSSR
Taryhy, 1959), (Masson V. M. 1987) we soňky
garaşsyzlyk ýyllarda ýazylan köp sanly ylmy
makalalardan belli bolşuna görä, Part (Parfiýa) döwleti
Günorta Türkmenistanda has gadymy döwürlerde,
ýagny bürünç asyrynda döredilipdir. Şonuň üçin hem
biz, „Ärsaklar“ döwletiniň b.e.oz. 247-njy ýylda
esaslandyrylmagyny Part döwletiniň ikinji we täze döwri
hasap edýäris. Hakykatdan hem Ärsaklar döwleti we
umuman Part (Parfiýa) döwleti hakynda iň esasy işler,
arheologlaryň
soňky
100
ýylyň
dowamynda
Türkmenistanda geçiren gazuw-agtaryş işleriniň
netijelerine esaslanmak arkaly ýazylypdyr. Bu döwür
belli sebäplere görä köp wagytlar bilim dünýäsiniň bir
açylmadyk syry ýaly garaňkyda galypdyr. Hut şunuň
üçin hem bu baradaky gürrüňimizi aşakdaky
bölümçeler esasynda dowam etdireris:
1- Ärsaklar (Part) döwrüni öwrenmek näme
üçin kyn bolupdyr?
2- Ärsaklar döwriniň öwreniliş prosesi.
3- Ärsaklar döwletiniň gurluşy we ony guran
ata-babalarymyz.
1- Ärsaklar (Part) döwrüni öwrenmek näme üçin kyn
bolupdyr?
Part döwleti gadymy dünýäniň iň uly
monarhiýalarynyň biri bolmagyna garamazdan, ol
döwür taryhyň iň garaňky döwürleriniň biri
hasaplanýardy. Çünki ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly,
140
ol beýik medeniýetden diňe şol döwürde ýaşan Ýunanly
(Grek) taryhçylaryň berýän käbir üzlem-saplam
maglumatlary bilen birnäçe şaý pullardan başga oňaýly
dokument galmandyr diýip, taryhçylar gynanç bilen
belleýärdiler. Munuň sebäbi bolsa, bu döwleti ýeňmek
bilen goňşy ýurt bolan häzirki Eýranda ýüze çykan
gazaply Sasanylar döwleti, özüne bäsdeş hem del hasap
eden bu medeniýeti bütinleý diýen ýaly ýoguna
çykypdyr. Hut şonuň üçin hem taryhçylar: “eger-de
Orta-Aziýa taryhyny akyp gelýan bir uly akaba
meňzetsek, Parfiýa döwri edil ymgyr çölüň çägesine
siňip gidýän ýaly gözden ýitýär” diýip ýazýardylar. Bu
barada birnäçe alymyň pikri bilen tanyş bolmak,
meseläni has aýdyňlaşdyrar.
Part taryhy hakda ýörite iş ýazan ilkinji
taryhçylaryň biri, Osmanly Türkiýesiniň görnükli alymy
hem döwlet işgäri ýokarda-da ady geçen ;Sobhi Paşa;
özüniň ;Täkmolätol-ebär; atly kitabynda şeýle ýazýar:
“Birnäçe taryhçylar (alym bu ýerde Part
döwründe ýaşap geçen Ýunan taryhçylaryny göz öňünde
tutýar. m.) Äşkaniýan (Ärsaklar) hökümetiniň döwlet
dokumentleriniň (habarlarynyň) aglabasynyň dargap
ýok bolandygynyň sebäbini beýan edende, Ärdeşir
Babek pars halkynyň arasynda ýüze çykandan soň
özüniň, Kiýaniýan şalarynyň [Eýran ertekilerinde ady
geçýän şalar, m.] urugyndan bolandygyny öňe sürüp,
olar bilen göni garyndaşlygyny subut etmek maksady
bilen, Kiýanileriň synmagyndan tä Eşkanlylar
(Ärsaklar) döwletiniň dargan döwrine çenli aralykdaky
örän uzak döwri inkär edip, ol şalaryň (Kiýanileriň m.)
ýer ýüzünde gazanan şan-şöhratynyň göni we iň ýakyn
mirasdüşeridiklerini
parslara ynandyrmak üçin,
141
Eşkanlylaryň taryhy dekumentlerini ýygnap ýok edipdir
diýip ýazýarlar.”103
Alym sözüniň dowamynda, özüniň pikriçe
Ärsaklar döwletine degişli taryhy dokumentleriň
Sasaniler tarapyndan ýok edilmeginiň sebäbini, parslar
bilen Parfiýalylaryň arasyndaky dini gapmagarşylyklar
bolandygyny ýagny, Eşkanlylaryň “Buta” çokunmagy
kabul edenligini we Sasany döwletini guran Ärdeşir
Babekan bolsa öz atalarynyň dini bolan Zertuşt dinini
ýaýratmak
maksady
bilen
Eşkanlylaryň
dini
kitaplarynyň barysyny ýygnap ýok edenlerinde, şolaryň
arasy bilen taryhy dokumentleriň-de aradan gidenligini
öňe sürýär.104
Emma, taryhçylardyr arheologlaryň iň soňky
açyşlaryny göz öňünde tutanymyzda, Partlaryň
(Parfiýalylaryň) Zertoşt dinini Sasanylardan has öňüräk
kabul edendikleri, hatta bu diniň mukaddes kitaby
bolan “Awesta” hem Part döwrinde we olaryň dillerinde
ýazylyp, soň Sasanylaryň ony (onuň gatlardan galanyny)
öz dillerine terjime edendikleri ap-äşgär ýüze çykýar.
Netijede bolsa, alymyň dini gapmagarşylyk baradaky
öňe süren bu pikiri, ylmy taýdan dogry çykmaýar.
Sasanylaryň Eşkanlylara garşy eden bu maddy we ruhy
weýrançylyklarynyň sebäbi-de, Ýunanly alymlaryň
nygtaýşy ýaly, diňe milli gapmagarşylyk bolup çykýar.
Ärsaklar barada ýörite ylmy iş ýazanlaryň
ilkinjileriniň ýene biri-de ýokarda agzalan türk alymy
Sobhi Paşadan takmynan 30 ýyl soň Eýranda bu ugurda
;Dorärettijan fi taryhy Beni Äşkan; atly ilkinji eseri
ýazan, Gajar şasy Nasereddinşanyň medeniýet ministiri
;Muhammethasanhane E-temadossältänä;dir. Ylmy
taryhyň atasy hasaplanýan Iňlis alymy ;Jorj
103
104
Sobhi Paşa ´´Täkmolätol-ebär´´ Istanbul-1864 s. 4
ýene şol. S. 4
142
Rawlinson;yň bu ugurda ýazan işine esaslanyp ýazylan
bu kitap, Eýran taryhçylarynyň ykrar etmegine görä,
Part (Parfiýa) taryhy hakynda bu ýurtda ýazylan ilkinji
hem-de şu güne çenli ylmy taýdan iň ygtybarly iş hasap
edilýär. Ol, özüniň bu kitabynda, Part taryhynyň
gümürtük hem garaňkylygynyň sebäbini şeýle
düşündirýär:
“Arap, Ajam, Ýunanly (Grek), Rumly (Rimli) we
Ermeni taryhçydyr ýazyjylarynyň kitaplaryna dykgat
bilen üns berenimizde, hiç zady gözden gaçyrmaýan bu
paýhasly alymlaryň barysy, Eşkanlylaryň (Ärsaklaryň)
höküm süren döwri hakda şüphelidir we dogrusy, bu
meseläni öwrenip açyklamadan ejizdiklerini boýun
alýarlar. Şeýle bolansoň, bu urugyň şalarynyň atlarynyň
tertibi hakda-da hiçkim kanagatlanarlyk söz aýtmandyr.
Munuň birnäçe sebäbi bardyr:
Birinjiden, bu halk hakda Ýunanly we Rumly
awtorlaryň ýazan kitaplary diňe az sanlysyndan galany
tutuşlygyna ýok bolupdyr, galanlarynyň hem kagyzlary
we sahypalary bulam-bujar hem tertipsizdir.
Ikinjiden, bu halkyň örän uzaga çeken hökümeti
döwrinde içerden we daşardan dörän gozgalaňlardyr
uruşlar şeýle bir köp bolupdyr welin, Eşkanlylaryň
özünden ýa-da Eýranlylardan bu döwrüň wakalaryny
ýazyp gelejekler üçin şol döwriň aýnasy bolar ýaly, hiç
kimiň pursaty bolmandyr, başgaça aýdanymyzda
yýzygiderli gozgalaňlardyr çaknyşyklar bu işlere hiç
kimiň elini ýetirmändir.
Üçünjiden, Eşkanlylaryň hökümetini agdaryp
hem-de dargadyp ýüze çykan Sasanylar, elbetde olardan
hiç hili at-eser galmagyny islemändirler. Olary gorap
saklamag-a beýlede dursun, eýsem ellerinden geldikçe
we mümkin boldykça düýbünden ýok edipdirler. Bular
we käbir soňurak aýdyljak başga sebäpler, olaryň
143
bagtsyzlygynyň dowam etmegine alyp bardy we
şeýlelikde uzak ýyllar dowamynda olaryň ýagdaýlary
gümürtik hem näbelli we ýyl ýazgylary garyşyk galdy.
Soňky wagtlarda hakyky alymlar köp zähmetler bilen
bu işiň çäresini tapyp kynçylyklary aňsatlatdylar we bize
bu ugurda iş alyp baryp, meseläni çözmäge mümkinçilik
döretdiler...” 105
Bu eseriň ýene bir ýerinde bu barada şeýle
ýazylýar:
“Musa Horeni (ýa Horni m.), Lazar we beýleki
ermeni taryhçylary hem Agatanjlusyň ýazan taryhyny
ygtybarly
hasap
edýärler
we
onuň
pikirini
tassyklaýarlar hem-de Äşkanlylaryň bir keseki
kowmlygyny
nygtaýarlar.
Olaryň
döwletiniň
synmagynyň sebäbini-de şonda görüp şeýle ýazýarlar:
Gündogar ýazyjylarynyň bu urugyň taryhyny
ýazman, olaryň ençeme asyr höküm süren döwriniň
wakalary hakda diňe birnäçe setir ýazmak bilen
kanagatlanmagyň üstesine-de olaryň aglabasynyň
atlaryny hem galamdan gaçyrmaklarynyň sebäbi,
Äşkanylaryň ýat halk bolandygydyr...Başga bir taryhçy
şeýle ýazýar: Partlar Eýranly bolmansoň, başdan aýaga
ýagny Ärşagyň (Ärsagyň) şalygyndan tä soňky
Ärdowanyň şalygynyň soňuna çenli eýranlylardan
çekinip olardan çetde durýardylar, şonuň üçin hem
gündogarda atlary çykmady we olaryň şan-şöhraty
bolan şol döwrüň wakalarynyň üstüne perde çekilip,
örtüli hem gizli galdy...106
Türkmenistan SSRniň taryhynyň birinji tomundada bu barada şeýle maglumatlar bar:
105
Muhammedhasanhan E-timad-äs-sältänä ´´Dorarattijan fi taryhy
Beni Äşkan´´ Tähran-1992, s. 137-8
106
ýene şol. S. 287-8
144
“Arşakit [Eşkanlylar, Ärsaklar, m.] döwletiniň
esasy gabryny gazyjy bolmak roly Persidanyň (Parsyň)
paýyna düşüpdir, ol ýerde bolsa şonuň öňinçäsi
häkimiýet Sasan nesillerine geçipdir. Onuň nesilleriniň
biri bolan Artaşir hemme pars ýerlerini öz eline
birikdirmegi üstünlikli gutaryp, III-nji asyryň ýigriminji
ýyllarynda Artaban V-njiniň garşysyna göreşe baş
bolupdyr. Şonda üç gezek söweş bolup, şol söweşleriň
soňkysynda Artaban öldürülipdir. Parfiýa döwletiniň
224-nji ýylda berbat bolmagy üçin şonuň özi ýeterlik
bolupdyr.”107
Türkmen alymy prof. Nazar Gulla bu ugurda,
özüniň „Gadymdan galan nusgalar“ atly ylmy eserinde
şeýle yazýar:
“... ýöne arman, şol edebiýatyň [bu ýerde
türkmeniň gadymy edebiýatyndan söz gidýär, m.]
nusgalary gadymy döwürde Midiýalylar, kuwatly
Parfiýa döwletiniň syýnmagyna sebäp bolan Sasanilar,
soňra orta asyrlarda Arap, Mogul hem gaýry
basybalyjylar tarapyndan tas bütinleý diýen ýaly ýok
edilipdir. Emma her bir halkyň özüni tutuşlygyna ýok
edip bolmaýşy ýaly, onuň edebiýatydyr sungatyny-da
düýbünden ýok edip bolmaýar. Taryhdan bilşimiz ýaly,
bu iň ýawuz duşmanlara-da başartmandyr ... munuň hut
şeýledigine göz ýetirmek üçin, gadym zamanlara degişli
edebi materýallardan biziň eýýamymyzdan öňki birinji
müň ýyllygyň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň
teritoriýasynda bolup giden Ýunanly awtorlaryň
(Herodot, Kteziý, Strabon, Hares Mitilenli...), şolara
salgylananlaryň
(Puliniy,
Hekateý,
Diýudor...)
kitaplarynda saklanyp galan hem-de beýan edýän
wakalary, esasan günorta Türkmenistanda, merkezi
Garagumda, Uzboý sebtlerinde ýaýbaňlanan legendalar,
107
´´Türkmenistanyň Taryhy´´ 1-nji jilt, Aşgabat-1959 s.102
145
ýazuwly nusgalar bilen ýüzleýje tanyşmaklyk-da
ýeterlikdir...”108
Alym gürrüňiniň dowamynda bu barada ýene-de
şeýle ýazýar: “Sasanilar bilen bolan gazaply söweşde(b.
e. soñky 224-27 ýyllar) Parfiýa döwletiniň synmagy
zerarly, onuň ösen medeniýetiniň-de köküne palta
urulýar. Şol döwrüň sungat eserleri bilen birlikde,
görnükli edebi eserleri-de ýok edilýär. Olaryň
birnäçesini bolsa, Sasanilaryň taryhy, edebiýaty
galplaşdyryjylary öz milli bähbitlerine uýgunlaşdyryp,
hut öz edebi prosesleriniň önümi hökmünde gaýtadan ile
ýaýradypdyrlar. Ýok edildi hasaplanan şol zamanyň
görnükli eserleriniň ençemesi bolsa, gyýsgarak,
ýönekeýräk görnüşinde halkyň ýadynda galyp, dilden
aýdylmak bilen, halk döredijiliginiň eserlerine öwrülip,
epos-dessanlarymyzyň
aýrý-aýrý
pursatlary,
rowaýatlardyr ertekiler, hekaýatlardyr anakdotlar
formasynda biziň günlerimize gelip ýetipdir...”109
Bu ugurda iň täze pikir ýöredenleriň biri bolan,
Azerbeýjan alymy ;Mir Hedaýet Hesary; Part
taryhyndan gaty az maglumat galandygynyň sebäbini,
şu aşakdaky deliller bilen düşündirýär:
“Eýranyň ilkinji häkim urugy hasaplanýan
Hehameneşileriň (Ahamenidleriň) taryhy we ondan
soňra, 80 ýyl Eýrana höküm ýöreden beýik Isgender we
onuň orun tutanlary bolan Selukileriň (Selukitleriň)
taryhy, taryhçylaryň tarapyndan örän doly hem jikmejigi bilen ýazylyp saklanypdyr. Emma Selukiler bilen
Sasanylar aralygynda uly emperýa gurup takmynan 480
ýyl gudrat bilen höküm süren Eşkanly Türk halky
hakynda welin, çuňňur ümsümlik aralaşýar. Eýranly
hem Ýunanly taryhçylar bu barada gerek bolan
108
109
prof. Nazar Gulla, ´´Gadymdan galan nuagalar´´ Aşgabat-1986,s. 8-9
ýene şol. s.11
146
maglumaty bermändirler we bu urugyň 500 ýyla golaý
süren şan-şöhratly döwri, taryhyň garaňky duwlunda
gümürtük bolup galypdyr. Bu ýagdaýyň aşakdakylar
ýaly birnäçe sebäbi bolup biler:
A-Eşkanly döwleti Ärdeşir Babekanyň eli bilen
ýykylyp, yzyndan dikeldilen we 400 ýyl dowam eden
Sasani hökümetiniň döwründe, Eşkanlylardan galan her
bir dokument, çenden aşa gahar-gazap hem täsip bilen
ýok edilip, olara degişli her hili maglumatyň öňüne
geçip, 400 ýyl dowam eden bu ýagdaý bar zady ýatdan
çykardypdy. Hatda geçen şalary gaýtadan direlden,
şahnama şahyry Ferdowsy-da, Eşkanlylaryň diňe
atlaryny eşidip, olar hakda hiç hili maglumat edinip
bilmändigi we kitaplarda-da bu barada hiç zat
görmändiginden söz açyp şeýle ýazýar:
Çun kutah şod şah-o häm bihşan
(kökleri we pudaklarynyň gyýsga bolany üçin,)
Näguýäd jahandide tarihşan
(dünýä görenler,taryhlaryny aýtmaýarlar.)
Äz işan bejoz nam näşnide-äm
(olardan, diňe atlaryndan başga zat eşitmedim)
Nä där nameýe hosräwan dide-äm
(şanamalarda-da hiç zat görmedim)
B-Yslamdan soň, ylaýta-da 200 ýyl häzirki
Eýranda göni hökümet eden Araplaryň döwründe, geçen
şalardan we olaryň dabaraly döwürlerinden söz açmak
mümkin bolmandyr. Başga tarapdan bolsa kitaphanalar
dargap, mäjus (zertoşt) kitaplary kapyrlykda aýplanyp
ýakylandygy zerarly elde hiç hili dokument galmandyr.
C-Eşkanlylar bilen
Ýunanlylar (Grekler) we
Rumlylaryň arasynda dowam eden yýzygiderli
söweşleriň netijesinde howpsyzlyk bolmanlygy zerarly
Ýunan we Rum syýahatçylarydyr taryhçylary bu
147
ýurtlara aýlanyp görüp bilmändir we ol ýurtlaryň içerki
ýagdaýlaryndan habarlary bolman galypdyr.“110
Biz gürrüňimiziň dowamynda bu barada ýene
birnäçe alymlaryň pikri bilen tanyş bolarys, yöne
ýokarda aýdylanlardan belli bolşuna görä Parfiýa
taryhyny öwrenmek üçin diňe iki çeşme bar. Olaryň
birinjisi, Ýunanly alymlardan galan üzlem-saplam
habarlar, ikinjisi bolsa, dowam edýän arheologik
barlaglaryň netijeleri. Alymlar bu iki çeşmeden
peýdalanyp, olary belli bir ýaşap ýören halklar bilen
derňemek arkaly ol halkyň gelip-çykyşyny kesgitlemäge
çalyşýarlar.
Daýanarlyk
taryhy
dokumentleriň
bolmadyk şeýle ýagdaýlarda, alymlaryň iň ygtybarly
hasap edýän ölçegleri birinji nobatda ol halkyň diliniň
karakteri, ikinji nobatda bolsa, olaryň däp-dessurlary,
gylyk-häsiýetleri, ýaşaýyş terzi we umuman milli
karakteridir.
Gürrüňimiziň bu bölümini Iňlis taryhçysy hem
goşun adamsy, ençeme ýyl Hindistan, Eýran ýaly Aziýa
ülkelerinde gulluk edip ylmy işler ýazan general ;Ser
Persi Saýksyň; aşakdaky sözleri bilen aýaklaýarys:
„Gardner özüniň Partlaryň taryhy hakyndaky
kitabynyň girişinde şeýle ýazýar: Taryhlaryň arasynda
Partlaryň taryhy ýaly köneden aýdylyp gelinýän „Taryh
bir topar ertekileri öwrenmek ylmydyr“ diýen sözlere
doly gabat gelýän taryh, örän seýrekdir.
Bu söz örän dogrudyr. Sebäbi her ýerde Siriýe ýada Rum (Rim) bilen galtaşygy bolanda, ylaýta-da
bäsdeşlikden hem uruşdan gürrüň edilende, Partlar
hakynda doly maglumat edinip bolýar. Emma beýleki
pursatlarda welin, diňe tötänden bir yşaratlar ýa-da kä
bir üns çekiji zikgelerden başga zat ýok. Bu urugyň diňe
ilkinji şalarynyň taryhy Justeniň (Ýusteniň) ýazanlary
110
´´Warlyk neşriýesi´´ paýiz (güýz) Tähran-1998
148
bilen çäklenýär. Bu ýazgylaryň gaty azlygynyň üstesinede onuň mazmuny hakda-da pikirler biri-birinden
sowaşykdyr. Eşkanylaryň (Ärsaklaryň, m.) soňky şalary
barada-da yzygiderli hem tertipli taryh elimizde ýok, ol
hem diňe az, pytraň hem düzgünsiz ýagdaýdadyr. Arap
we Eýran taryhçylaryndan hem oňaýly zat ele gelmeýär.
Gynansagam zikgelerinde-de Partlaryň hökümetiniň
orta döwri bolan b. e. s. birinji asyryna çenli taryh
goýulmandyr. Şeýle-de bolsa, olaryň ýüzündäki
suratlary hem-de soňky döwürlere degişli taryhlary-da,
has oňaýly hem maglumat baýlygy bolan daş ýazgylar
ýa-da beýleki dokumentleriň bolmadyk ýagdaýynda,
taryhçylar üçin uly gimmat gazanýar.“111
2-Part (Ärsaklar) döwriniň öwreniliş prosesi:
Ýokarda Parfiýa medeniýetiniň tutuşlugyna diýen
ýaly ýok eilmeginiň ýa-da ony ýazylmanlygynyň
sebäpleriniň üstünde durup geçdik. Hut şol sebäplere
görä-de asyrlar boýy olaryň taryhy ýazylman galýar.
Hatda, dünýäniň tas ähli gadymy medeniýetleri we ol
medeniýetleri döreden halklaryň taryhyny ýazan, köp
dilleri doly bilen we ýedi tomdan ybarat „Äl-ebär“ atly
ägirt uly eseriň awtory, 14-nji asyryň uly arap filosofi
hem taryhçysy „Ebni Haldun“ hem Part taryhyny ýazyp
bilmändir.
Emma, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly 500 ýyla
golaý dowam eden bir beýik medeniýetiň taryh
sahypalaryndan hemişelik gürüm-jürüm bolup gitmegi
mümkin däldi, ol şeýle-de bolmady. Taryh, arheologiýa,
etnologiýa
we
dil
biliminiň
ösüp
bir-birini
kämilleşdirmegi
netijesinde,
uzak
geçmişleri
öwrenmekde uly öňe gidişler bolup, täze-täze hakykatlar
ýüze çykdy. Bu ýagdaý Part taryhyny öwrenmekde hem111
Ser Persi Saýks, “Taryhe Eýran´”, Tähran-1372 şemsi, s.410
149
de oňa gaýtadan baha bermekde-de şeýle boldy. Biz bu
ýerde, mümkin gadar, 19-njy asyryň başlaryndan Part
taryhyny öwrenip, ol hakda ýörite kitap ýzmak bilen bu
ylmyň kerwenbaşylaryna öwrülen alymlaryň käsi bilen
tanyş bolmaga synanşarys.
Bizň maglumatymyza görä, ýokarda-da agzap
geçişimiz ýaly Part döwletini guranlar hakda ýörite
kitap ýazanlaryň ilkinjileriniň biri (belki-de ilkinjisi)
Osmanly Türkiýesiniň görnükli alymy „Sobhi Paşa“
bolupdyr. Bu alym 19-njy asyryň 60-njy ýyllarynda,
ýokarda ady geçen „Äl-Ebär“ kitabyny Türk dilli
halklara
tanatmak
üçin
Meftahol-Ebär(Äl-Ebär
kitabynyň açary) atly eserini ýazýar. Alym bu işiniň
dowamynda Part (Eşkanlylar, Ärsaklar) taryhynyň
ýeriniň boşlygyny görýär we ol hakda ýörite kitap
ýazmagy ýüregne düwýär. Ol şeýle hem edýär we
Parfiýa şalarynyň taryhyny 1864-nji ýylda ýazyp
gutarýar hem-de oňa „Täkmolätol-Ebär“ ýagny Äl-Ebär
kitabyny kämilleşdiriji ýa-da onuň üstüni ýetiriýän
diýen ady berýär. Bu onuň ýokarda ady geçen arap
taryhçysy Ebni Halduna goýýan uly sarpasyny aňladýan
bolsa gerek. Bu eser barada alymyň özi şeýle ýazýar:
„Äl-Ebär adyndan terjime edip Miftahol-Ebär
diýip atlandyran kitabymyň girişinde, hormatly awtoryň
(Ebni Haldunyň) el ýeterinde bolmadyk, Ýunandaky
taryhy maglumatlaryň toplanyp neşir ediljekdigini
aýdypdym, şol wagtdan bäri döwlet işlerinden artyp
galan wagtlarymy tygşytly ulanmak arkaly, Isgenderden
soň Şam, Kiçi Aziýa, Ýokary Aziýa hem Eýran
ýurtlarynda höküm süren Selukitler we olaryň
döwründe baş galdyryp hökümeti ellerine alan
Eşkanlylaryň döwletiniň habarlaryny toplap, öwrenip
ýazuwa geçirmek ugrunda elimden gelen dalaşy etmek
bilen, köp hadysalar hem uzak zamanlar başyndan
150
geçmegi zerarly unudylyp, Arap we Türk dillerinde yzy
galmadyk hadysalardyr eserleri şu kitapçada jemläp,
oňa „Täkmolätol-Ebär“ diýýip at goýdum hem-de ony
häzirki mübärek günlerde, dabaraly tagta oturan
Alyhezret Abdul-äziz Soltana hödürledim...“112
Prat taryhy hakda örän ylmy hem köp taraply eser
döredenleriň ilkinjileriniň ýene biri-de, „ylmy taryhyň
atasy“ hasaplanýan Iňlis taryhçysy Jorj Rawlinsondyr.
Gadymy dünýäniň uly Monarhyýalarynyň her biri
hakda ýörite kitap ýazan bu alym, Part hakda özüniň
„The Sixth Great Oriental Monarhy“ (Altynjy Uly
Gündogar Monarhyýasy) atly eserini ýazyp, 1873-nji
ýylda çapdan çykarýar. Parfiýa hakda soňky iş ýazanlar
tarapyndan ygtybarly çeşme hökmünde ulanylan bu
eserde alym, bu uly döwleti esaslandyranlaryň kimler
bolup, olaryň haýsy halka degişlidigi hakynda örän
ylmy, tarapsyz hem gyzykly pikirleri orta atýar. Şeýle-de
ol Partlary (Parfiýalylary) türkmenler bilen deňeýär.
Bu
ugurda
ýörite
kitap
ýazanlaryň
kerwenbaşylaryndan ýene birisi-de Gajar şasy
Nasyreddinşanyň wäzire intiba-aty (Medeniýet ministri)
hem-de görnükli alymy „Muhammedhasanhan Etimadossältänä“dir. Bu alym eserini esasan ýokarda ady
geçen Jorj Rawlinsonyň işine salgylanyp ýazypdyr.
Emma ol Türkmensähra türkmenlerini örän oňat
tanaýanlygy üçin (sebäbi gajar şalarynyň aňyrlary şol
türkmenleriň arasynda önüp-ösüp, ýene bir tarapdan
bolsa Daz türkmenleri bilen aralarynda garyndaşlyk
gatnaşygy bar) has gyzyklyrak maglumatlar berip, Part
döwletini
guranlaryň
gönüden-göni
häzirki
Türkmensährada ýaşaýan Daz türkmenleri bilen bagly
bolandygyny ap-açyk aýdýar. Bu kitap geçen Pählewi
şalarynyň Eýranda höküm süren döwründe, halka
112
´´Täkmolätol-ebär´´ giriş bölümi
151
görkezilmän arhiwlerde saklanýar we ýaňy ýakynda
gaýtadan basylyp, belli derejede ýaýradylýar. Emma
gynansak-da, bu eseriň awtorynyň öz eli bilen ýazan
girişini aýyryp onuň ýerine, ony çapa taýyarlanlaryň
biri, merhum ýazaryň pikirlerini inkär ediji mazmunly
öz sözbaşysyny ýerleşdiripdir! Bu eseriň asyl nusgasyny
ençeme gezek okan hem-de Partlar hakynda iň täze iş
ýazan we ýaňy ýakynda heniz bu soňky eseri çapdan
çykmanka aramyzdan giden, merhum prof. Muhammed
Tagy Zehtabiniň maňa beren gürrüňüne görä, onuň asyl
nusgasyndaky sözbaşysynda “Part döwletini guranlar
häzirki Türkmen hem Gajarlaryň aňyrsydyr” diýip
ýazypdyr. Elbetde bu kitabyň elimizdäki nusgasynda-da
bu barada ýeterlik maglumat bar.
Ýokarda ady geçen Iňlis taryhçysy general Ser
Persi Sayx-da Parfiýa taryhyny öwrenmekligiň
mümkinçiliginiň gaty azlygy hakda sözüni şeýle dowam
etdirýär:
„Part döwleti hakda esasy çeşmeler, epesli derejede
gümürtik, çylşyrymly we bir topar seneler hem
hadysalaryň zamany çen-çak bilen ýazylan,
şu
aşakdakylardan ybaratdyr: Jorg Rawlinson Altynjy
Monarhyýa-1873, „P. Gardner“ Partlaryň Zikgeleri1877, R. T. „Britanýa Muzeýindäki zatlaryň Katalogy1903“, Von Gutschmidt „Geschichte Iran und sein
Nachbarländer“ we Britanýa Ensiklopediýasynyň 11-nji
tomunda ýerleşdirilen Part sözbaşyly makala.“113
Ýeri gelende, bu ugurda ýörite kitap ýazmadyk
hem bolsa, biziň halkymyza degişli ýazan eserlerinde,
Part
döwletini
esaslandyranlaryň
gönüden-göni
türkmenleriň gadymy ata-babalarydyr diýen pikiri
ynam bilen ap-açyk orta atan Mejar (Wingir) alymy
Arminus Vamberyniň-de adyny hormat bilen ýatlap
113
,Ser Persi Saýks, s. 411
152
geçmegi dogry bilýärin. Vambery 19-njy asyryň 60-njy
ýyllarynda bütin Orta-Aziýany aýlanýar we şol sanda
Türkmen halkynyň arasynda-da bolup gidýär. Bu
türkolog alym, umumy türk dil we edebiýtyny hem
taryhyny öwrenmekde örän uly işler bitirip ençeme ylmy
eserler hem gyzykly maglumatlar galdyrypdyr. Ol, biziň
milli şahyrymyz Magtymgulynyň otuza golaý goşgusyny
Alman diline terjime we neşir etmek arkaly
Ýewrupalylary Türkmen edebiýýaty bilen tanyş
etmekde ilkinji ädimi ädýär.
Ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly Türkmenistanyň
umumy taryhy, ylaýta-da Part döwleti hakynda iň esasy
hem anyk işler geçen ýüz ýylyň dowamynda arheologlar
tarapyndan Türkmenistanda geçirilen gazuw-agtaryş
işleriň netijeleriniň esasynda ýazylan kitablar hem-de
onlarça ylmy makalalardyr. Bu ugurda ýene bir
ygtybarly egsilmez çeşme-de, ýokarda agzap geçişimiz
ýaly, Türkmeniň dili, däp-dessurlary, tire-taýpa we ýerýurt atlary, iňňän gadymy döwürlerden bäri saklanyp
gelýän inçe sungaty we olaryň ylmy esasda ýörulmagy
hem analiz edilmegidir. Bu bolsa Part döwrüni
öwrenmekligiň ýokarda agzalan kynçylyklaryny aradan
aýyrmakda örän aýgytly ädim we şol bir wagtyň özündede örän tebiğy hem kanunalaýykdyr. Sebäbi Part
(Parfiýa) döwletiniň dörän, gülläp ösen we dünýä ýaýran
ýurdy we ony gurujylaryň ata-watany Türkmenistan
ahyry. Gözel Aşgabat bolsa Ärsaklar urugynyň birinji
şasy Mitirdadyň (Myrat sözi hem şol ady ýaňsytýar)
şalyk jygasyny başyna geýen ýeri (Ärsakabat>
Ärşakabat> Äşkabat> Aşgabat) bu gadymy hem müdimi
watanyň düýnki, bu günki paýtagtydyr. Bu watanyň
düýnki, bu günki we hemişelik eýesi bolsa, müňlerçe ýyl
boýy öz durkuny ýitirmän gelýän myhmansöýer we açyk
ýürek Türkmen milletidir. Hut şonuň üçin hem bu
153
milletiň örän baý dilinde, tire-taýpa we ýet-ýurt
atlarynda, däp-dessurlarynda, gadymy ynançlarynyň
galyndysy bolan yrymlarynda, örän özboluşly baý
folklorynda, gözel inçe sungatynda… şol gadymy taryhy
beýän edýän ygtybarly hem anyk we özboluşly
dokumentler bar. Bu gaýtalanmajak materýallar ylmy
esasda ýorulan ýagdaýynda, ýene-de köp zatlary beýan
eder diýip düşünýärin. Bu barada ençeme gezek ady
geçen türkmen alymy Soltanşa Atanýazow şeýle ýazýar:
„Halkyň etnogenezini (düýp köküni, gönezligini),
onuň iňňän irki eýýamlarda ulanan sözlerini, dilini,
hojalyk şertlerini, aragatnaşyk eden halklaryny,
meşgullanan kärlerini we ş. m. öwrenmekde etnonimler
bahasyna ýetip bolmajak ylmy çeşme hasaplanýar, çünki
olar ençeme asyry, hatda müňýyllyklary öz üstünden
geçirseler-de, dilimiziň gadymy sözlerini mizemez
görnüşde biziň günlerimize ýetiripdirler. Hut şonuň üçin
alymlar, tire-taýpa atlaryny ähmiýeti boýunça ýazuw
ýadygärlikleri bilen deň tutup, olary öwrenmeklige uly
üns beripdirler.
Türki etnonimler barada ençeme maglumatlary
2000 ýyl çemesi mundan öň ýazylan Hytaý
senenamalaryndan,
gadymy
Grek
alymlarynyň
galamyna degişli taryhy işlerden tapmak mümkin.“114
114
S. Atanýaz „Şejere“, s. 9
154
3- Beýik Ärsaklar döwletiniň gurluşy
(Ony guran Ata-Babalarymyz)
Bu bölüme giriş hökmünde, Türki halklaryň
döwlet gurma ukyby we Türk demokrasýasy hakynda
kä bir günbatar alymlaryň düşünjesi bilen tanyş
bolalyň; Bu barada prof. Dr. Laszlo Rasony şeýle
ýazýar:
„Günbatar milletleriniň ýüze çykmazyndan has öň,
türkler dünýämiziň iň uly giňişligini öz içine alýan OýrAziýanyň (Ýewraziýanyň) tarahynyň her döwrinde we
her künjeginde uly rol oýnapdyrlar.
Biziň döwrimiziň Orus alymlary Oýr-Aziýa
sözünden diňe demirgazyk Oýr-Aziýany göz öňünde
tutýarlar. Emma hakykatda bolsa Oýr-Aziýa,
Ýewropanyň gündogaryny we Aziýnyň bolsa orta hem
demirgazygyny öz içine alyp çägi belli bir jografiýa hem
taryhy birleşigi ýüze çykarýan we özüne mahsus bolan
aýratynlyklary bilen ähmiýet gazanan hem-de,
iki
Kontinent aralygynda üçünji bir kontinanty emele
getiren örän uly giňişligi öz içine alan ülkedir. Bu
ülkäniň günortasy Kven-Lün, Pamir, Hindukuş we
Kawkaz daglary bilen çäklenýär. Demigazykdaky
tokaýlyklardan
günorta
we
günbatar
tarap,
Mançuriýanyň Hingan daglaryndan Karpat daglaryna
çenli boz-gyr sähralyklary uzalyp gidýär. Bu bozgyrlaryň demirgazyk hem günortasy has goýyrak goňur
reňkli sähralar bilen çäklenýär...
Passager tarapyndan Salzsteppe (şor step, şor bozgyr) diýip atlandyrylan gönorta regýonlary, demirgazyk
regýonlara görä has kiçidir. Ýagyşy az we töweregi
tutuk regýon bolany üçin topragy-da şordyr. Şeýle
bolmagy bilen birlikde kä regýonlarynyň mes topraklary
bolup, suwarma ýoly bilen örän berimli hem bol hasylly
ýagdaýa getirilmegi mümkindir. Derýalaryň boýunda
155
otluk öri meýdanlary-da bardyr. Bu ýurtlaryň tipik
haýwany düýedir…
Has demirgazykdaky derýaly regýonlarda hem
beýikliklerde tokaýlar bardyr. Türk dillerinde görülýän
hem-de belli derejede türkligiň gadym taryhy bilen
bagly bolany üçin ähmiýeti bolan,“beýikligi” aňladýan
sözler-de tanyş etmäge çalyşýan şu regýonlarymyza
degişli bolup biler. Mysal üçin, OR: beýiklik, ORMAN:
agaçlykdyr, orta-türkçedäki TAG-TAW-DAG sözüniň
Ýatu dilinde garşylygy ORMANdyr…
Bu otluk zolagyň Ural we Altay aralygynda
takmynan 7-8 müň km. Giňişligi bardyr… G. van
Bulckyň “Diňe tebigy şertler ösüşi mümkin eder” diýen
pikrine goşulmanymyzda-da boz-gyr sähralarynyň
ýokarda wasp edilen şertleriniň, göçme maldarçylyk
kulturynyň iň ýokary derejesi bolan “atly çopançylyk”
kulturynyň ýüze çykmagyna uly täsir edenligini
makullaýarys. Gürrüňi edilen regýon, şeýlelik bilen
dünýä taryhynyň iň uly “dünýä eýeleýjileriniň” mesgeni
bolupdyr. Ençeme uly döwletleriň gurujysy bolan aýryaýry türki taýpalary bu ýurtlarda ýetişip gündogara,
günbatara hem-de günorta sary akyn edipdirler.
Türklügiň
Ata
watany-da
şol
ýurtlar
bolupdyr…Etnologlaryň VIANA mektebiniň agzasy,
taryhçy Meňhin, adamzadyň döreden üç medeni
ulgamynyň biri bolan göçme (nomad) kulturynyň ösüşi
we onuň ähmiýeti barada şu aşakdaky ýaly açyklamalar
öňe sürýär:
Buz çagynyň soňlamasy bilen Baýkal gölünden
Baltik deňizine çenli uzaýan ägirt uly giňişlikde
birmeňzeş kultur ýüze çykdy. Bu kulturyň esasy
aýratynlygy, süňkden ýasalan gurallar hem-de biribiriniň ýerini alan “balykçy-awçy” ýaşaýyş terzi
bolupdyr. Oňa ;miliotische Konochenkultur; diýilýär.
156
Ural-Altaý dil maşgalasyna degişli kowmlaryň esasy
kultury şu kultur bolupdyr. Emma Emirkada hem-de
Günorta-Aziýada-da şeýle kultura gabat gelinýär...Atly
göçmenleriň we olaryň medeniýetleriniň ähmiýetini
görkezmek üçin, olaryň beýleki kowmlar-maşgalasy
bilen bolan gatnaşyklaryny göz öňünde tutmak peýdaly
bolar. Koppers bu barada şeýle ýazýar:
Birinjiden, haýwan ýetişdirme medeniýetiniň IçAziýada doganlygy bir hakykatdyr. Ýene bir tarapdan
bolsa
Indogermanlar
(Hindi-Ýewropalylar)
bu
medeniýetiň döredijisi bolman eýsem onuň alyjylary
bolupdyrlar. Emma ilkinji alyjylary bolandyklary-da
subut edilipdir. Soňky barlaglaryn netijesine görä bu
medeniýeti Iç-Aziýada türkler däl-de proto-türkler
(türkleriň aňyrsy, has irki ata-babalary. m.) döredip
ösdüripdirler. Koppers özüniň „Urtürkentum und
Urindogermanentum“ atly eserinde, barlaglaryň
netijesini şeýle açyklaýar:
Atyň ilkinji gezek eldekileşdirilmesini we şonuň
bilen baglylykda atly-çopan kulturynyň dowam
etmegini, hökmany suratda Iç-Aziýada ýaşan türklere
baglamalydyr. Munuň özi, özboluşly bir taryhy üstünlik
bolup, aýry-aýry kowmlarydyr medeniýetleriň gülläp
ösmeginde amatly şertler hem-de örän ähmiýetli
netijeler döredipdir. Bu medeniýeti Indogermanlaryň
ilkinji ata-babalary gadymy türklerden alypdyrlar…
Menghin bolsa, ýokarda aýdan sözleriniň üstüni
şeýle ýetirýär: sözümizi gysgaldyp aýtmak islesek, UralAltaý kowmlarynyň iki ugurda dünýä taryhynda örän
ähmiýetli roly bolupdyr:
1- Yktysatda haýwanlary ekdi edip ýetişdirmek
hünärini ösdürüpdirler.
2- Jemgiýetçilik gatnaşyklarynda, adatdan daşary
döwlet gurma ukybyny görkezipdirler. Schmidtiň-de
157
goşulýan we etnografiýa ylmyna daýanýan bu pikiri,
arheologiýa ylmy hem goldaýar. Gadymdan işeňňir
emma döwlet gurmaga ukypsyz çomry (çomur, daýhan)
kowmlar tarapyndan derýa ýakalarynda döredilen beýik
medeniýetler, diňe söweşjeň çarwa kowmlaryň şol
ýerlerik akym etmeginiň netijesinde ýüze çykyp bilipdir.
Dünýaniň başga ýrlerinde-de her wagt güýçli hem
dowamly döwlet gurulan bolsa, ol ýerde-de hökmany
suratda çarwalaryň roly bardyr. Onuň ýüze çykyşy
öwrenilende bolsa, Ural-Altaýly kowmlaryň täsiri bilen
baglanşyklydygy görüler.
Döwlet gurma ukybynyň näme üçin diňe UralAltaý kowmlaryna degişli bolýar diýen soragyň jogaby
bolsa gaty aňsatdyr. Bu kowmlaryň yokarda agzalan iki
sany üstünliginiň arasynda bir baglnşyk bolmagy
zerurdyr. Uly sürüleri bakmak we oňa degişli işleri
gözegçilik edip durmak, gaty giň öri meýdanlarda
yzygiderli agyp-dönmek, öri meýdanlary we beýleki
mülkleriň hak-hukuklarynyň üstünde öňüni alyp
bolmaýan çaknyşyklar, tire-taýpa guramaçylyk işleri we
şulara meňzeş, çarwaçylyk bilen baglanşykly bütin
meseleler, biri-biri bilen ýakyn baglanşyklydyr.
Bu ýagdaýyň tebigy netijesi: Adamlaryň gözýetimi
giňelýär, edermenlikdir taýpa bagly bolmaklyk duýgy
hem düşünjesi, buýruk berme buýsanjy, guramaçylyk
ukyby we gepiň keltesi, döwlet gurmak üçin gerek bolan
ähli gylyk-häsiýetler ösýär. Şeýle ruhybelentlikler,
ukyplar hem düşünjeler bilen ýetişen ynsanlar, daýhan
kowmlary ýeňip sürülerini saklar ýaly öri meýdanlary
üpjün edenden soň, häkim hem-de döwleti esaslandyryjy
gatlaga öwrüliberýärler. Elbetde uly toparlar
ýagdaýynda çozan pursatlarynda wagtlaýynça mdeniýet
bozujy-da bolýarlar(mogullarda bolşy ýaly). UralAltaýly kowmlar bu iki gapmagarşy häsiýeti (bozujylyk
158
hem gurujylyk häsiýetini) özlerinden görkezipdirler
(Archeologiai Ertesitö,1929-s.35-38)…
Ýaýrama taýdan, Turanid jynslar bütin beýleki
jynslar bilen ýaryşyp biler. Sibriýadan başlap Orsýediň
üsti bilen Orta-Ýewropa, hatda Fransa çenli baryp
ýetýär. Demigazykdan başlap Hindistana, Eýrana,
Balkanlara çenli, azda-köpde her ýerde bu halk
toparyny görüp bileris…“115
Ýene bir günbataryň taryhçy alymy “Jean-Paul
Roux” hem türki halklaryň döwlet gurma ukybyny
ýokarda ady geçen alymlaryň görüşlerini makullamak
bilen olaryň guran döwletleriniň çäginde ähli halklaryň
hem dilleriň azatlygyny üpjün edilen demokratik
şertlerde ýaşandyklaryny-da nygtap, şeýle ýazýar:
„Türklerde emperiýa gurma ukyby bardyr.
Türkler sözüň doly manysynda ýer ýüzüniň
hökümdarlarydy. Guran emperiýalary bir-birine
meňzeş bolmadyk bir wagtyň özünde , iki müň ýylyň
dowamynda käbir ortak häsiýeti-de ýüze çykardy.
Olaryň guran emperiýalary, halklaryň muzaigidi.
Türkler bu emperiýalarda dürli halklary oňuşykly
ýaşatmaga
çalyşdylar,
olara
güýçli
ýagdaýda
merkezleşdirilen we hökmürowanlyk bir döwletiň
çygrynda milli kimliklerini, dillerini, kulturlaryny,
dinlerini, hatda köp ýagdaýda öz baş-tutanlaryny
saklamak hem goramak hukukyny-da resmiýete
tanaýardylar…“116
„Döwletleriniň çäginde yzygiderli öz taňrylaryna
çokunma (ybadat) azatlygyny, dini ýolbaşçylaryna
özlerine doga etmek şerti bilen her hili salgytlardan azat
edilmek
ýaly
hormatlandyryjy
permanlar
çykarypdyrlar. Türkler dine degişli her zady elmydama
115
116
prof. Lasazlo RASONYI “Taryhda türkler” Ankara-1988, s. 1-8
Jean-Paul Roux, “Türklerin Taryhy´”, Milliýet ýaýynevi-1989 s.32
159
sylap gelipdirler. Yslam dinine girýänçäler yzygiderli,
dünýäniň ähli dinlerini bir-biriniň yzyndan kabul
edipdirler. Musulman bolanlaryndan soňra-da beýleki
dinleri hormatlamak däbini dowam etdiripdirler…
Ýewropalylaryň, öz çygyrlarynda ýaşaýan ilatyň
ählisine
hökümdarlaryň
dinini
kabul
etmäge
zorlamaklarynyň tersine türkler, dünýewiligi goramaga
çalyşypdyrlar.
Bir-birleri
bilen
bir
toprakda
parahatçylykly ýagdaýda ýaşamagyň mümkinligini
ündäp gelipdirler. Bu bolsa olaryň adamzat
medeniýetine goşan iň uly goşantlarynyň biridir…
Ýaňyrak ýüze çykan Osmanly imperiýanyň tersine,
türk jemgiýetlerinde hanymlaryň uly orny hem-de
çäksiz meýdanlarda ýaşaýan ynsanlaryň tebigy
duýgularyna uýgunlykda ýörite bir azatlygy hem özygtyýarlylygy bardyr. Erkekleriň jynsy güýjüniň ýokary
bolany sebäpli, hanymlara hemişe bir aw gözi bilen
seredilmesine garamazdan bu aw aslynda, hem kadakanunlar esasynda hem-de sözleşmelerde özüni goraýar.
Gyz bilen durmuş gurmak türklerde, söweşde hem aw
awlamakda gazanylan bir uly ýeňiş derejesinde baha
berilip gelipdir…“117
Elbetde günbatar alymlaryň bu aýdanlarynyň
dogry hem-de biziň ata-babalarymyza berilen adalatly
bahadygyny biz, ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly,
özümiziň iňňän irki çaglardan saklanyp gelen
Oguznama, Gorkut-Ata, Asly-kerem, Zöhre-Tahyr,
Akpamyk yaly milli dessanlarymyzdyr ertekilerimizdede örän aýdyň suratda görüp bilýäris.
Bu girişden soň biz Ärsaklar (Part, Parfiýa)
döwletiniň döredilmegi hakynda mümkin boldygy gadar
dürli çeşmelerde bar bolan maglumatlar bilen tanyş
bolarys.
117
ýene şol. S. 42- 43
160
„Part hökümeti öziniň gülläp ösen döwrinde
häzirki Eýrany, Mezopotamýany we Owganystany-da öz
içine alýar, höküm sürýän urugyň bir şahasy
Ermenistana-da aýak basýar, “Şalaryň şasy”nyň özi
bolsa ýurduň giňişligini häzirki Siriýeden Günbatar
Hindistana çenli giňeltdi. Geograf hem taryhçy “Ksares”
we “Strabon”yň Partlar hakynda: “Olar bu gün şeýle
bir giň hem uly, şeýle bir köp sanly aýry-aýry halklara
hökümet edýärler welin, güýç taýdan edil Rumlylar
bilen deň derejededir” diýip ýazmagy esassyz däldir.
Taryhçy “Ýustinun” hem: “Partlar gündogarda şeýle
bir hökümet edýärler welin, dünýäni özleri bilen
Rumlaryň arasynda bölüpdirler” diýýär.
Part diýip Parfiýa hökümetiniň aýry-aýry giň
ýurtlaryny göz öňünde tutulsa-da, gadymy döwürlerde
diňe Günorta Türkmenistan bilen häzirki Eýranyň
demirgazyk-gündogaryny öz içine alypdyr. Murgap
jülgesi bolsa başga bir ýurda ýagny Mara (Margiýana)
degişli bolupdyr. Türkmen-Horasan daglary we oňa
bagly bereketli jülgeler Partlaryň iň gadymy ýurdy
bolupdyr. Olar şol ýerden özleriniň höküm sürýän
çäklerini dowamly gündogaryň iň gadymy medeniýet
merkezlerine çenli giňeldipdirler. Partlaryň ýurtlarynyň
özeni hem-de olaryň paýtagty has gadym döwürlerde-de
ýokary medeniýetli oturumly ýurduň merkezi bolupdyr.
Hut şol ýerde bronz döwründe, şäheriň öňi syrasyndaky
iri oturum ýerler ösüpdir. Ol ýurtlar çölleşip
dargamagynyň yzysüre ýene-de giçki demir döwründe
“Ýelkendepe”de daşy berkitmeli hem galaly merkez
ýüze çykýar…
Isgender Makadoni agyr goşun çekip Ahamenid
hökümetini ýykandan soň Parfiýa (Parta) gelýär. Ol
Partda uzak wagt togtaman, diňe öňki häkimini
tassyklamak bilen kanagatlanýar…
161
Emma wagt geçdi, Beýik Isgender Wawilonda öldi,
ol entek öziniň gaty uly hökümetini gurnamaga ýaňy
başlapdy. Onuň heniz jesedi sowamanka eýýäm goşun
başlyklarydyr
söweşijileriniň
arasynda
gazaply
bäsleşikler we ägirt giň ýurdy parçalamalar başlandy.
Part ýurdy hem elden-ele gecip, iň soňy hem “Slukidus”
eýeledi. Emma Prfiýanyň ýaşaýjylary ýurtlarynyň keseki
güýç eýeleriniň arasynda bir top ýaly oýnalmagyny
görmek islemeýärdiler. Ýerli han-beglerdir şäheriň
ýokary
gatlaklary-da
öz
girdeýjileriniň
hem
baýlyklarynyň
Slukid
döwlet
adamlarynyň
(birokratlarynyň)
arasynda
böleşilmeginden
aladalanýardylar. Bulardan başga-da söweş ukyby
boýunça örän güýçli faktor bolan bir Slukid duşmanlary
bardy. Ol bolsa Part ýurdunyň serhetlerinde ýaşaýan
göçme halkdy, ýazarlar olara “Parn”lar diýip at
berýärler. Şeýlelik bilen Slukid döwleti ýuwaş-ýuwaşdan
güýçden düşüp başlady we onuň gündogar ülkeleri, şol
sanda Part (Parfiýa) özlerini özbaşdak ýurt yglan
etdiler. Munuň yzysüre göçme taýpalar Part ýurduna
girdiler hem-de onuň Slukit döwletinden aýrylmagyny
goldadylar. Göçmenleriň baştutanlary täze bir hökümet
urugyny (dinastiýasyny) esaslandyrdylar. Bu urug ony
esaslandyryjynyň
adyna
we
onuň
hormatyna
“Ärsaklar”(Arsakit, Arşakit, Ärşaklar, Äşkler, Äşkan
görnüşlerde dürli halklaryň tarapyndan aýdylýar B.
Gerey) diýen ady göterýär. Bu beýik hem dabaraly
hadisanyň hormatyna Ärsaklar (Arsakit) döwri diýen
belli bir ýyl hasaby (Kalendar) ýüze çykýar, bu hasap
b.e.oz. 247-nji ýyldan başlanýar.
Täze gelen Şa özüni hökümete ýetiren çarwa
taýpalar bilen arasyny kesmedi. Arsakit zikkeleriniň
arkasynda däp boýunça, Ärsaky beýan edýän bir şekil
bar; bu şekilde ol, tagtyň üstünde otyr, elinde-de onuň
162
güýjiniň simwoly bolan bir ok-ýaý bar. Kä wagyt bu
suratyň çalyşýan ýagdaýy-da bolýar, mysal üçin, gadym
döwürlere degişli bir “Ene Tňry” ýeňiji şaha bir gül
dessesini berip duran ýagdaýda. Elbetde hemişekisi ýaly
onuň elinde-de ok-ýaý bar. Ärsaklaryň ýene birisi edil
şeýle desse gülüň garşysynda atyň üstünde otyr, bu-da
bir simwoldyr. Esasy güýç ýeňil ýaragly atlylar, ýagny
meşhur Part ok-ýaý atyjylary bolup, agyr ýaraglanan
atlylar bolsa olaryň zarba urýan güýçleridir.
Ärsaklar tagty ymykly eýelänlerinden soň ädimädim ilerläp, çagşan Selukid (Selewkid) döwletiniň
ýurtlaryny ýeke-ýekeden ele geçirip başladylar. Birinji
Mitirdat (b.e.oz. 171-138) döwrinde Part goşun
toparlary Ýefrat (Fyrat) derýasynyň boýlarynda görnüp
başlady. Mitirdat II (b.e.oz. 123-88) bolsa öz adyna
“Beýik” lakaby hem goşmak bilen zikkeleriň ýüzünde
“Şalaryň şasy, adalatly, güýçli, Helen dosy Ärsak” diýip
ýazdyrdy. “Helen dosy” diýen lakaby, Mezopotamýada
ýaşaýan köp sanly belki-de güýçli bolan Grekler hem
Helenleriň doslugyny gazanmak üçin siýasy maksat
bilen goşan bolsa gerek. Şeýle hem düşünip bolar; ýagny
Partlar, hem ýaragly güýçleri hem-de siýasy hereketleri
bilen özlerini dünýä güýji derejesinde şeýle bir
berkitdiler welin, döwürdeşlerinde, hem gorky hem-de
haýranlyk döretdiler…“118
Soň alym käbir Grek taryhçylaryň şol döwürde
Türkmenistanyň tebigy şertleriniň ýaşamaga amatly
däldigi hakyndaky habarlarynyň garşysynda, arheologik
barlaglaryň
netijeleri,
olaryň
aýdanlaryny
tassyklamaýanlygy hakynda öz pikrini orta atýar:
„Emma biz bu ýerde birgiden taryhçylar nesliniň
ähli habarlaryny öwrenip-öwrenip geçen antik
awtorlary bilen hoşlaşyp, Strabonyň garyp çöllik hem
118
V. M. Masson „Das Land der Tausend Städte“ s. 114-115
163
tokaý basan daglyk diýip suratlandyran , “Partlar” ýa
“Partiýene, Prtiýea” görnüşlerde ýazylan Part ýurduna
üns berip gaýtadan gözden geçirmek isleýärin.
Part ýurdunyň arheologik kartasy (nagşasy) san
taýdan ähmiýetli bolan gadymy ýadygärlikleri
görkezýär. Diňe Aşgabat töwereginde kyrkdan aşa
gadymy harabalar, oturumly ýerleriň galyndylary,
galalardyr howlylaryň, Part döwrine degişlidigi subut
edildi. Bu zatlar garaşylmadyk ýagdaý-da däldir. Çünki
Ýunan geograflarydyr Rum taryhçylary-da öz ýazan
kitaplarynyň üsti bilen bu günki arheologlaryň ünsüni
bu
ýurtlara
çekip
özleri
barlap
görmäge
ugrukdyrypdyrlar. Günorta Türkmenistanda ýerleşýän
Part ýadygärlikleriniň arasynda şäher merkezlerine
degişli harabalar-da bar. Olaryň biri “Hysraw gala” we
onuň ýanynda has gadymyrak merkez “Ýelkendepe”
ýerleşýär. Bu ýerde töweregi diwarlar bilen berkidilen
şäheriň ortasynda güýçli hem berk gala örbuýuna
galýar. Bu günki Kakanyň gündogar töwereginde
Partlaryň iň uly galasy ýerleşýär. Ýüz ölçümi (tutýan
ýeri) 35 Hektara baryp ýetýän bu şäheriň halk
arasyndaky hem-de resmi ady “Köne Kaka”dyr. Ýenede birgiden Part galalary bolsa başga bir töwerekde
ýagny “Gökdepe” töwereginde ýerleşýär. Partlaryň
kiçiräk şäherleri bolsa gadymy oturum ýeri bolan
“Änew”, Gäwersiň ýanyndaky “Köne gala” we ýene köp
sanly ýadygärliklerden ybaratdyr…
Uly-uly gurluşyklar, giňligi boýunça üns çekiji iş
kärhanalar we medeni merkezler… bu zatlaryň barysy
Partlara degişli şäherleriň arheologik ýadygärliklerine
mahsus ýagdaýdyr. Bu merkezleriň töweregini bolsa
Part urugyny hökümete ýetiren göçme çarwa taýpalary
gurşapdyr. Gaty köp sanly harabalardan dörän
164
depelerden olaryň mazarlary gazylyp çykaryldy. Olar
adaty ýagdaýda (köplenç) toparlaýyn jaýlanypdyr…
Şäherleşen we hereketli, ýeňil ýaraglanan göçme
çarwalar, örän giň ýurtlara höküm sürýän Ärsaklaryň
buýsanjyny goramagy başardylar, olar şeýle güýje
eýediler. Edil şu ýerde, Part ýurdunyň döredilen ýerinde
olaryň paýtagty ýerleşýär. Belki başga-da köp ýerlerde
olaryň paýtagty ýa şäherleri bolandyr. Bize galan
maglumatlara görä, birinji Ärsak öziniň häkimlik täjini
(jygasyny) “Asak” şäherinde başyna geýipdir. Güýçli
ähtimal bilen, onuň hormatyna bu şähere “Arşak” ýa
“Ärsak”-Asak diýip at goýulan bolmaly…“119
Bu ylmy düşünjelerden belli bolşy ýaly, başga
çeşmeleriň-de tassyklamagyna görä, bu ýerde ady
geçýän “Arşak” şäheri bu günki Ata-Watanymyzyň
gözel paýtagty Aşgabat bolmaly, ýagny wagtyň geçmegi
bilen: Ärsak< Arşak<Arşak abat<Aşk abat bolandygy
görünip dur. Sebäbi Ärsaklaryň birinji paýtagty
Aşgabady alkymlap oturan Nusaý bolupdyr.
„Köne Nusaýda ýigrimi ýyl iş geçirenlerinden soň
ilkinji ýazuwly belgini (dokumenti) tapyp synagdan
geçirdiler. Iň soňy Partlar öz dillerinde gepläp
başladylar. Edil şol pursatda howlykmaç taryhçylar bu
ýazuw böleginden köp sanly aýry- aýry soraglara jogap
tapmak isleýärdiler. Elbetde bu tapylan belgi uly
arzuwlary kanagatlandyryp bilerdi. Dilçi bilermenleriň
okaýşyna görä bu belgide şeýle ýazylan: -“Mitirdat krit”
galasynda täze diýilýän bir şerap ammarynda şerap we
sirke humlary 160, boş-8. Şerap ammarynda …
aýdylşyna görä, şerap we sirke humlary 316, boş-16,
üsbe-üs 500 hum”-. Arheologlar nusaýdaky Şahyň
ammaryndan edil “Alibaba we 40 ogry” dessanyndaky
ýaly, köp sanly bütin hem döwük-ýenjik humlardyr
119
Ýene şol, s. 16-18
165
küýzeler tapdylar. Bulardan belli bolşuna görä, içinde
bu ammar ýerleşen gala, şol döwürde “Mitirdat kret”
diýip at berilipdir, diýmek gala Mitirdat tarapyndan
saldyrylypdyr. Ýöne onuň söweşjeň birinji Mitirdatdygy
ýa-da Ärsaklardan birinji bolup özüne “Şalaryň şasy”
diýen ady goýan ikinji Mitirdatdygyny subut etmek kyn.
emma galanyň gadymy ady welin, ýerli halkyň
(Türkmenleriň) aýdyşy ýaly “Köne Nusaý” henize çenli
saklanýar …
Strabonyň ýazmagyna görä: “iň ýokary halk
maslahaty iki bölümden (topardan) düzülýär, bir bölegi
Şahyň garyndaşlaryndan, ikinji topar bolsa alymlardyr
palçylardan. Bu iki toparyň ikisinden hem, şalar
saýlanýar …
Ärsaklaryň dinine, şol dini esaslandyran
pigammaryň adyna uýgunlykda Zaratustra ýa Zaraaster
diýipdirler. Bar bolan zatlardan belli bolşuna görä
Zaratustraçylyk dini Nusaýda-da belli bir ýazuw däbine
esaslanypdyr. Onuň bir bölegi gadymy gimnler ýagny
Ýaşta hem-de söýgä (Taňry söýgüsine) ýugrulen öwütnasyhatlar, ýagny ;Gatlar; bulardan başga-da köp sanly
hem dürli-dürli däp-dessurlardan düzülipdir. Nusaýdan
çykan belgilerde Zaratustra kalendarynyň ulanylmagy
hem ýersiz ýere däldir, şonuň ýaly hem köşk gulluklary
we
olara
degişli
adamlaryň
arasynda
köki
Zaratustraçylyk bilen baglydygy ap-açyk bolan köp
sanly atlar bar. Bulardan başga-da söz bölekleri hem-de
Zaratustranyň
iň
ýokary
derejeli
Taňrysy
“Ahuramazda”, belli bir ýyldyzyň ady “Tir”, güýçli
“Mitra” ýa “Mitras” (Mitirdatyň adyny ýatlatýar),
hakykatyň ýa-da umumy kanunyň taňrysy “Arta” ýaly
sözler hem bar, “Men Artanyň öňünde çokunmak hemde bir sowgat sunmak bilen kasam edýärin”. Biz
166
Zaratustraçylyga degişli bir meşhur ynançlarynda şeýle
sözlere gabat gelýäris:
“Men şundan beýläk janym-tenim bilen mazdaýesna (ynanjy dogry, mazda ynanan) ilata zyýan
ýetirmerin hem-de çölleri giňeltmerin. Men özüme
aýdýaryn; örän ýigrenji, zyýanly, “Arta” bolmadyk
“döwler” bilen ýakynlaşmaryn, men aýdýaryn;
dünýäniň iň ýalançy, hassalyk ýaýratýan hem zyýanly
barlygy bolan “Döw”den hem onuň yaranlaryndan gaça
dur!. men aýdýaryn özüme pikirde, sözde, nyşanda …
Partda Zaratustra dini höküm sürýärdi. Emma bu
ýagdaý
beýleki
dinleriň
hem
ýaýramagyny
bökdemeýärdi, emma şonuň bilen bir wagtyň özünde,
olardan (ol dinlerden) Zaratustrçylygyň ortodoksal
taglymatyna
girizilen
ýagdaýy-da
seýrek
bolmandyr…“120
V. M. Masson soň Part döwründäki birnäçe
oturum ýerleriniň atlarynyň heniz hem Türkmenistanda
saklanyp gelýändigini belleýär, ylaýta-da „Artyk“,
„Kaka“, „Çäçe“ we „Kerki“ ýaly oba atlarynyň sol
gadymy Part döwrüniň şäherlerine gaty çalym
edýanligini nygtaýar(s. 138). Eseriniň başga bir ýerinde
bolsa, Part sungatynyň we arhitekturasynyň dürli
ugurlarynda Grek stiliniň täsiri güýçli bolmagy bilen bir
hatarda, ýerli Part sungatynyň aýratynlyklary hakda-da
durup geçýär hem-de Rum-Helen täsiriniň agdyklyk
etmeginiň, hatda pullarda-da Grek dilini ulanylmagynyň
dowam etmejekdigini we Partlaryň öz dilini hem däpdessurlaryny dikeldip ýurtlarynda ýöretmeginiň kanuna
laýykdygyny nygtaýar:
„Bu zatlaryň hemmesine güýçli bir garşylyk
görkezilmelidi. Närazylaryň başynda agalyk edýän
urugyň ýanyndaky tireden bolan „Artabanus“
120
Ýene şol, s. 124
167
(Ärtaban? B.G.) durýardy. Ol göçme taýpalaryň
arasynda ulalan, belli bir söweşde bolsa özüni çarwa
taýpalaryň birinji hatarynda berkidipdi. Artabanusyň
güýçlenip Şa bolmagy bilen (b.e.s. 10-38 ýyllary) Part
taryhynda täze bir döwür başlandy, her zatdan öň ähli
günbatardan alnan, Partlara degişli bolmadyk
alamatlara aç-açan garşylyk görkezildi. Soňky
Ärsaklaryň zamanynda (taryhçylar ikinji Artaban diýip
belleýärler) däp boýunça zikkeleriň ýüzünde ýazylan
Grek dilindäki ýazuwlar gitdikçe okalmaz ýagdaýa geldi
hem-de tizlik bilen olar „Part“ dilinde ýazylyp başlandy.
Günbatar däpleriniň we ideýalarynyň garşysyna edilýän
bu hereketiň täsiri medeni ulgamda has-da güýçli
boldy.“121
Massonyň bu pikirlerini „Bartold“ we „Tolstow“ ýaly
tanymal alymlaryň bu barada aýdanlary-da doly
tassyklaýar:
„Parfiýalylaryň öz taryh edebiýaty bolupdyr,
emma bu edebiýat durşy bilen ýitipdir. Eger pars dilinde
ýazylan giçki edebiýatynda saklanyp galan eserler bolan
„Palma bilen geçiniň jedeli“ diýen we „Zarir hakynda
ýadygärlik“ diýen iki sany eseri hasap etmeseň, Parfiýa
çeper edebiýatyndan-da hiç zat galmandyr diýen
ýalydyr. Emma Firdowsynyň döreden epik eseri bolan
„şahnamanyň“ kä bir böleklerinde Parfiýa döwletiniň
ýaşan zamanynyň täsiri görünýär. Çünki şol eserde
gahrymanlaryň durmuş beýanyna Arşakitler urugynyň
wekilleriniň
hakyky eden
işleriniň
epizodlary
girizilipdir. Meselem, Giw diýen ogly bolan we Gürgen
hem Isfihan diýen ýerleri öz ygtyýaryna alan epik
Gotarzyň adynyň ozal Girkaniýa hökümdary bolan
Giwiň ogly taryhy Gotarzyň ady bilen gabat gelmegi
özüne üns çekýär. Epik Gistasp hakyndaky gürrüňiň
121
Ýene şol, s. 134
168
aýry-aýry ýerleri Wologaz 1-iň biografiýasyna, ýagny
Awestanyň düzülmegi we Alanlaryň garşysyna göreşe
dogry gelýär, çünki Parfiýa ýerlerine Alanlaryň ilkinji
çapawulçylyklary edil Wologaz 1-iň zamanynda
bolupdyr(W.W.Bartold). Rüstem zal hakyndaky
hekaýatlaryň hem esasy bölegi Sak-Parfiýalylar
arasynda bolan wakalara syrygýan bolmaga çemeli…
Tutuş Günorta Türkmenistanyň taryhy-arheologik
taýdan
öwrenilmegi
dürli
zamanlarda
ýerli
medeniýetleriň ösüşiniň dyngysyz barandygyny, şol
medeniýetleriň özboluşlylygyny we yzygiderliligini
takyklady hem-de Parn-Parfiýaly taýpalary bilen
Türkmen
halkynyň
medeni
we
etnogenetik
aragatnaşyklarynyň bolandygyny belledi. Türkmenleriň
etnogenezisiniň prosesi Dah-Massaget taýpa birleşiginiň
iň gadymy territorial (sebitara)-siýasy umumylygynyň
çäkleri içinde başlanypdyr (S. P. Tolstow). Parfiýalylar
bolsa gadymy döwrüň birnäçe etnik toparlarynyň biri
bolup, türkmen halkynyň-da etnogeneziniň añyrsy
baryp şol topara direýär we türkmen halky özüniň
ýaşaýan ýurdunyň baý medeni geçmişiniň mirasdüşeri
bolup durýar…“122
Masson we beýleki tanymal ors alymlarynyň öñe
süren ýokardaky pikrini, Türk alymy Dr. Selahi Dikeriň
täze işleri doly tassyklady. Ol, bir tarapdan Part döwrine
degişli ýazuwlaryň haty bolan Aramy elipbiýini, ýene bir
tarapdan bolsa gadymy Grek dilini we onuň dürli
diýalektleriniň aýratynlyklaryny öwrenmek arkaly şol
döwürden galan ýazuw ýadygärlikleriniň karekterini we
haýsy dil toparyna degişlidigini kesgitlemek ugrunda uly
işler bitiren alymdyr. Ýaňy ýakynda çapdan çykan
„Türk Diliniň 5000 ýyl taryhy“ atly eserinde Saklara
degişli atlar hakynda şeýle ýazýar:
122
TSSR Taryhy, s. 135-139
169
„Biz bu atlaryň köpüsiniň etimologiýasyny türkçe
açyklap boljakdygyna doly ynanýarys. Gadymy Grek
ýazarlary öz dillerinde türki dillerdäki „ş“, „j“ we „ç“
sesleri bolmandygy üçin „ş“ ýerine „s“, „j“ ýerine „d“,
„ç“ ýerine bolsa „th“, „s“ we ýa „t“ harplaryny
ulanypdyrlar. Gadymdan soñky döwürlere dogry grek
diliniň Aeol, Iyon, Dor we iň soňky klasik Ýunança
bolan Attik diýalektlerinde, edil türki dillerde bolşy ýaly
fonema aýratynlyklary bardyr. Bulardan iň ähmiýetlisi
we biri-biriniň ýerine ulanylanlary şu aşakdakylardayr:
B=d/ g=d/ d=l/ z=d/ th=h/ k=g=h/ l=r/ l=n=m/ m=p/
s=t/ s=d/ d=t “123
Ýokardaky hakykatlary göz öňünde tutup hem-de
gadymy Aramy elipbiýinde-de şu günki arap elpbiýinde
bolşy ýaly çekimli sesleriň köpüsi üçin belli harp
bolmanlygy zerarly, diňe çekimsiz harplar bilen ýazylan
sözleriň arasyna mümkin bolan çekimli sesleri
ýerleşdirmek arkaly, birnäçe Sak atlarynyň köküniň
türk diline degişlidini subut edýär. Bu mesele Arap haty
bilen tanyş bolmadyk okyjylarymyz üçin düşnükli bolar
ýaly birnäçe mysal bilen görkezýäris:
“men” sözi arap elipbiyinde “‫=من‬mn” görnüşinde
ýazylýar. Bu “mn” sözi: “men”, “Män”, “mun”, “mön”
ýaly okap bolýar, bularyň haýsy dogrulygyny bolsa, ol
sözüň
manysyny
sözlemden
aňlamak
arkaly
kesgitlenilýär. Şonuň ýaly-da “Meret” sözi arap elipbiýi
bilen “‫=مرت‬Mrt” ýazylýar, bu sözi-de Meret, Morot,
Märät, Möröt, Moret … görnüşlerde okamak mümkin.
Onuň haýsy dorulygy bu sözüň sözlemdäki ornundan
belli bolýan manysyndan kesgitlenýär. Ýene bir taryhy
mysal, milady 8-nji asyryň başlarynda Arap basybalyjy
goşunlaryna garşy Dehistanda we Gürgende (häzirki
Gümmetgowuz) edermenlik bilen söweşen “Çöl hanyň”
123
Selahi Diker „Türk Dilinin Beş Bin Ýyly“ Istanbul-2000, s. 103
170
ady arap çeşmelerde "‫= سولی‬Suli” görnüşinde ýazylan.
Sebäbi arap elpbiýinde çekimsiz “ç” bilen çekimli “ö”
harplary bolmany üçin “ç” ýerine “s” we “ö” ýerine “u”
goýulupdyr.
Hut şeýle usullardan peýdalanmak arkaly Selahi
Diker birnäçe “Part” döwrüne degişli ýazuw
ýadygärlikleri okapdyr. Ol bu barada şeýle ýazýar:
“Prof. Girşmeniň Eýran atly kitabynda, Ahamenid
döwrüne degişli dini tekstler bölümindäki atlardan
;Aparnlar; (Parnlar, Partlar) barada maglumat gözläp
sahypalary agtaryşdyryp otyrkam, tötänden bir Part
ýazuwyna gözüm düşdi. Bu ýazuw Part şasy Vologese
(Wologez, hökümeti miladi 51-80) degişli bir zikgäniñ
arka ýüzündedi.
Derrew onuň syryny açmagy ýüregime düwdim.
Harplaryň
fonomenlerini
(çekimli
seslerini)
ýerleşdirenimde gaty geň galdym. Çünki öňümde
Kaşgarly Mahmydyň türkçesinden hem aňsat düşünip
bolýan bir türkçe tekst ýüze çykdy.
Girşmeniň Pehlewi-Arsakid adyny beren Part
elipbiýi bilen Aramy elipbiýiniň arasynda onçakly
tapawut ýokdy, diňe syryny çözüp otyrkam az-kem
tapawut gözüme ildi …
Alym kä sesleriň özgerme kadalaryny göz öňunde
tutup hem-de ol elipbide bolmadyk we gizlenip galan
sesleri ýerleşdirmek arkaly şu aşakdyky teksti ýüze
çykarýar:
1 sewük : köp itsin : an(a) tapyp < l l l l l V
2 kitip : kitip aty : an(a) tapyp : kitip
3 auşturub : khahan : melik : an(a) tap(a) l l V
4 Alanlar : tatab-y : melik-Alani : külük :
auşturub : melikin
5 meliki : khakan : püken[pukan] khakan : minip
: aub : men(i) isikletin[saklatyn]
171
6 bek : melik-Alani : külük : kitu aty : melikin
7 meliki : khakan : minip : aub : meni :
isikletin[saklatyn] : tapu-g : kidub.
Ses uýumyny üpjün etmek maksady bilen gerekli
ýerlerde “i” ýerine “u” we ýanýana iki sesli arasyna “g”
harpyny ýerleşdirsek tekst aşkdaky ýaly şekil tapýar:
1 sewük : köp ytsyn : an(a) tapyp< l l l l l l V
2 kitip . kitu aty : an(a) tapyp : kitip
3 agyştyryp : khahan : melik : an(a) tap(a) l l V
4 Alanlar : tataby : melik-Alani : külük :
agyştyryb : melikin
5 meliki : khakan : püken[pukan] khakan : minip
: agyb : men(i) isikletin [saklatyn]
6 bek : melik-Alani : külük : kitü aty : melikin
7 meliki : khakan : minip : agyp : meni : isikletin
[saklatyn] tapyg(y) : kidip
Aşakda, teksti hiç degişdirmeden has düşnükli bir
türkçe fonetigi bile gaýtadan ýazýaryn. Diňe, manysyny
açyklamak üçin normal goşadyrnak içinde kä sözleri
artdyrdyk:
1 Sewük köp ytsyn!. Ona(Tanra) tapyp. l l.
?(ýylymda?)
2 gidip, gide ata (ok ata ata), Ona tapyp, gidip
3 agyştyryp kagan melik, Ona tapa(tapyp) 7
(gezek). (Bu arada,)
4 Alanlar, tat-ab-y, melik Alani Külük agyştryp
(durka); melikin
5 meliki hakan Büken [Bukan] Hakan (atyna)
minip, agyp, meni isikledin [sakladyn].
6 pek (bek,berk) melik-Alani Külük gidu (gidip)
ata (ata ata) (söweşe) , melikin
172
7 meliki Hakan! (sen atyna) minip, agyp, meni
isikledin [sakladyn], tapugy kydyp.
Bu günki Türkçämize [Türkmençämize] şeýle
öwrüp bileris:
1 söýgüli (Tňrymyz) bütin (hemmämizi) azat
kylsyn!. (Bu?) l l.? (ýylymda?), Taňra sygynyp,
2 (Kagan) gidip, gide-gide ok atyp, Taňra
sygynyp, gidip
3 çykyşlar edip Kagan Melik 7? Gezek? (söweşdi)
Taňra sygynyp.
4 (Bu arada) duşman syly tat-aby (tatlar) Alanlar
(ve) Alanlaryň Hakany (Meliki, şasy) Külük (Küle,
Kuly? B. G.) söweşip (durka); sen, şalaryň (melikiň)
5 şasy hakan Büken [Bukan] (Böke? B. G.)
Hakan (atyna) minip, çykyp, meni ataşlady [gorady].
6 Alanlaryň berk we güýçli häkimi Külük gidip
(barşyna), ok atyp (söweşýärkä); sen, Melikleriň
(şalaryň)
7 şasy Hakan, (atyna) minip, söweşip (çykyş
edip), tapyndygy gorap, meni ataşlady [gorady].
Selahi Diker ýokardaky usullar bilen ýene-de
miladi 1-nji ýüzýyla degişli bir Part tekstini, Part
şalarynyň adyny, şonuň ýaly-da Türkmenistanda
Nusaýdan çykan ýazuwdan bir sözlemi okap, gaýtadan
ýazypdyr. Alymyň pikrine görä halk dilinde ýazylan bu
173
tekstleriň, käbir Aramy ýa-da Arap-parsdan giren
sözlerden galany arassa türk dilidir.”124
Biziň pikrimize görä, bu tekstlerdäki dil bu günki
türkçelerň arasynda türkmen diline has ýakynlygy,
şonuň ýaly hem bu tekstlerde göze ilýän ynsam
atlarynyň heniz hem türkmenlerde saklanyp galmagy
örän manyly hem-de kanuna laýykdyr. Mysal üçin
“Külük” (Küle görnüşinde), “Alan”, “Melik”, “Büken”
(Böke görnüşinde), “Mitirdat” (Myrat görnüşinde)
w.ş.m.
Nusaýdan tapylan ýazuwlardan bir sözlemiň
syryny ol, şeýle açýar:
“Ýşn nn-y stn kn > Ýüşen nine-aý sütün Kün
[nine> Azeri nene=ene B.G.]
Ýagny: Parlak [Taňry] Ene-Aý sütüni [we] Güneş
[Taňrysy]
Ýa-da şahyrana aýtsak: Parlak [Taňry] Ene-Aý,
Güneş- Taňrynyň yşygy”125
Sözlemiň başyndaky “ýüşeng” sözi Kaşgarly
Mahmydyň sözlüginde-de “parlak” diýip many
edilipdir. Türkmen dilindäki “Gaşaň” (Kaşaň) sözi-de
şol Part sözünden gelip çykan bolmaly.
Indi, ýene-de Part döwletiniň aýratynlyklary
hakyndaky
V.
M.
Massonyň
açyklamalaryny
yzarlaýarys:
“Täze hökümet dürli ýeňişler bilen günbatar
çäklerinde Rumyň täsiriniň ýaýramagyna garşy göreş
alyp bardy. Olar, esasy güýçlerini barha ileri süýşirip
ýuwaş-ýuwaşdan dünýäniň iň güýçli hökümetleriniň
birini çökermäge tarap hereket edýärdi. Rumlaryň
tersine, Partlar hiç-haçan güýçli merkezleşen döwlet
124
125
Ýene şol, s. 414-421
Ýene şol, s. 422
174
aparatyny dikeltmediler. Häkimiýete ýakyn taýpalaryň
baş tutanlarynyň (Han-Begleriniň) täsiri örän güýçli
bolupdyr. Olar dowamly ýagdaýda, häkimiýet üçin täze
kandidatlary (dalaşgärleri) orta çykarmak arkaly öz
täsirlerini
saklapdyrlar.
Şonuň
ýaly-da
ýerli
häkimiýetleriň hem täsiri örän güýçli bolupdyr. Olar
daşary güýçlere garşy Part häkimiýetini kabul
edýärdiler,
emma
hakykatda
bolsa
öz
garaşsyzlyklaryny-da belli derejede saklaýarlar …
Möhürleriň ýüzünde (esasan miladi ikinji
ýüzýylda) ýabany haýwanlar hem Taňry güýçleriniň
suratlary görülýär … iň göze ilýän hem nygtap geçmeli
mesele, gaty köp möhürleriň ýüzündäki ýazuwlarda
arassa Part atlarynyň hem lakamlarynyň getirilmegidir.
Biz diňe ýekeje gezek Grek ady bolan “Arsinöe” sözi
tapdyk. Mitirdatkretiň haýbatly zallary miladi 1-nji we
2-nji ýüzýllykda düýpden özgerdilip gaýtadan
gurulypdyr. Öňki, bamy saklaýan ýeke aýakly
sütünleriň ýerine köp sanly dört aýakly sütünler
oturdylypdyr hem-de galeride ikinji derejeli heýkeller
goýulypdyr.
Öňki
heýkeller
bolsa
büs-bütin
dargadylypdyr. Bize diňe erkek we hanym heýkelleriniň
döwük-ýenjikleri galypdyr. Köp sanly heýkeller bardy,
olaryň göwresi adaty ynsanlardan ulurakdy. Hanymlar
toý donlaryna dolanypdyr, olaryň arkasyndan
göwreleriniň formasy gaty az belli bolýar. Erkekleriň
aýagynda Partlara mahsus giňiräk
köp gasmakly
balaklar bar. Zikgeleriň arasynda gadymy Ärsak
zikgelerinde bolşy ýaly, elinde ok-ýaý, oturan ýagdaýda
görülýär. Heýkeller dürli reňkler bilen boýalypdyr. Kä
ýerlerde ýüzlerine ýuwkajyk gyzyl çaýylypdyr…
Köne Nusaý esaslandyrylandan soň uzak
ýaşamady. Ärsaklaryň synmagy bilen olaryň ýurtlary-da
çöllüge öwrüldi. Nusaýyň gaznasy diňe bir talanmak
175
bilen çäklenmedi. Dabaraly zallaryň bezegi bolan
heýkeller kasd edilip dargadyldy. Biz ony aýratyn-da
kelleleriň hem ýüzleriň kül edilmeginde görýäris …
Çeşmeleriň habar berşine görä, Sasanly Erdeşir
224-nji miladi ýylynda Ärsaklaryň iň soňky şasyny ýeňip
gaty darapdyr. Ol, beýleki ýerler ýaly Nusaýy-da basyp
alypdyr. Nusaýda açyş eden arheologlar Sasani
goşunlarynyň yzlaryna gabat gelmedilermikä?...”126
Beýik Parfiýa (Part) döwletini guranlar hakda
gürrüň bolanda, bu ugurda ýörite iş ýazan ýa-da şol
döwürlere degişli wakalara umumy degip geçen
alymlaryň aglaba köpüsiniň kabul eden we jedelsiz
meselä öwrilen hakykat, şu aşakdykylardan ybaratdyr:
Bu beýik döwleti dikeldip guranlar Part (Parn)
taýpasyna degişli Ärşakler urugyndan bolan beýik
ýolbaşçylardyr. Partlar öz nobatynda Dah (Dahe, Daý)
taýpasyna degişli ýa-da olar bilen birleşen taýpa bolup,
bu iki taýpa (part-dah) bolsa, umumy Sak-iskit taýpalar
birleşiginiň häkim toparyna girýän türki taýpalardan
ybaratdyr. Bu barada 19-njy asyryň ortalaryndan
başlanyp ýazylan işlerde-de gymmatly maglumatlar bar.
Ýokarda ady geçen, Osmanly Türkiýesiniň belli
taryhçysy Sobhi Paşa bu döwleti guranlar dogrusynda
şeýle ýazýar:
“Ärşaklar urugynyň gelip çykyşy hakynda aýryaýry pikirler bar. Pars taryhçylary olaryň urugbaşysyna
Daranyň ogly Ärşakdyr diýdiler we kimisi bolsa onuň
Kiýany şalaryndan bolan Keýgobad neslinden
bolandygyndan söz edýärler. Başga birnäçe alymlar
bolsa,Turan şalaryndan bolan Isfeniýaryň (Isfendiýaryň
126
V. M. Masson, öñki çeşme, s. 136-139. (Masson yokardaky sorag
belgisi bilen, belki-de arheologlar siýasy sebäpler zerarly, Sasanileriň
eden wagşyçylyklary hakynda dymmaly bolandyklaryna yşarat edendir.
B. G.)
176
hakyky adynyň Alp-Äar Tuňňa bolandygyny geçen
bölümlerde görüpdik. m.) urugyndan bolandygyny
aýdypdyrlar. Bu soňky pikir beýleki aýdylanlardan
ygtybarlydyr. Sebäbi Ärşak garaşsyzlygy yglan eden
wagty Turan taýpalaryna arkalanandygyny, şonuň ýaly
hem bu urugyň patyşalary uly söweşler ýüze çykanda
Turan taýpalaryna daýanyp, başlaryna bela gelende
bolsa ol ýerik gaçyp baryp olara sygynandyklaryny, kä
ýagdaýda bolsa Turandan gaýtadan yzyna dönüp Eýran
tagtyny ele geçirýändiklerini geljek bölümlerde
açyklajakdyrys…”127
Parfiýa döwri hakynda ilkinjileriň arasynda
1871-de iň ylmy eser döreden hasaplanýan J. Rawlinson
şeýle maglumatlar berýär:
“Partlar takmynan soňky döwürlerde taryh
sahnasyna çykýarlar. Gadymy mukaddes ýazgylarda
olaryň atlaryna gabat gelmeýäris. Zendi Awestada-da
olardan at çekilmeýär. Asur ýazgylarynda-da bu at bilen
az gyzyklanylýar. Olar diňe Darýus Histaspisiň
zamanynda belli bir halk hökmünde ýüze çykýarlar. Bu
şahyň ýazgylarynda olaryň ýurtlarynyň ady Partwa
(Parthwa, Parthva) görnüşinde geçýär.Ýunan alymy
“Diodoros” bolsa Ktesiasyň sözlerine esaslanyp, partlary
Ninusyň tarapyndan basylyp alynan halklaryň
hataryndadyr diýip hasap edýär. Ol şeýle ýazýar: “Olar
(partlar) Kiaksaryň zamanynda Madlara (Midialylara)
garşy baş galdyryp iskitleriň ýarany hökmünde olaryň
goragy astyna girýärler…”
Pseudo-Smerdisiň ölüminden soň (b. e. oz. 521)
agyr hem bulagaýçylyk ýagdaýda Partýa Hirkanýa bilen
bilelikde (şeýle çak edilýär) özlerini gadymy Midianyň
monarhiýasynyň mirasdüşeri yglan edip Darýuşyň
garşysyna aýaga galýarlar. Olaryň arasynda bolup geçen
127
Sobhi Paşa, s. 5
177
iki gezek söweşden soň, köp güýç toplap bilen Partlar,
özleriniň özbaşdaklygyny görkezýärler.
Partlaryň birleşmesi hakyndaky şu iň gadymy
gündogar habary bilen, olaryň gürrüňi doly suratda
barha gadym Ýunanyň edebiýatyna ýol açýar…”128
Alym soň Darýus Hispaspisiň döwürdeşi bolan
Hekatus Miletosyň, özüniň Aziýa jografiýasy hakynda
beren maglumatynda Parfiýany Horezmiň goňşysy diýip
görkezendigini hem-de Herodotyň berýän maglumatyna
görä Partlar Kiaksaryň Ýunanlylara garşy söweşinde (b.
e. oz. 480) pars goşunlarynyň ýanynda urşa
gatnaşandyklary hakda ýazýar hem-de bu maglumatlar,
partlar bilen parslaryň gatnaşygyny aňlatsa-da, bu
gatnaşygyň hemme tarapyny görkezip bilmeýär, şonuň
ýaly hem partlaryň etniki, dili we däp-dessurlary hakda
açyk zat aýtmaýar diýen netije çykarýar (şol. S. 16). Soň
ol,
“Partlar kim bolupdyr?” diýen soraga jogap
hökmünde öz pikrini şeýle dowam etdirýär:
“Partlar taryhyň tümlüginden bir güýçli halk
hökmünde ýüze çykýançalar, gadymy döwrüň
ýazyjylary olaryň irki taryhy hem etniki barada ynamly
habar berip bilmeýärler. Olar bilen gyzyklanýan ilkinji
ýazyjylaryň birnäçesi, şol sanda, öňe süren pikiri
ýustiniň tarapyndan yzarlanan Trogos Pompeyus,
“Partlaryň aslynyň Iskitlerden bolup, gaty ir
zamanlarda öz urugdaşlarynyň arasyndan çykyp gaýdyp
Horezm çölleriniň günortasyndaky ýurtlary eýeläpdirler
hem-de ýuwaş-ýuwaşdan araçäklerindäki daglyk
ýurtlara-da höküm sürüpdirler” diýen pikiri öňe
sürýärler.
Beýleki alymlar şol sanda Strabon bolsa “olaryň
degişli bolan iskit asylly kowmlarynyň ady Dahe, olaryň
dogry atlary Parny ýa Aparny bolupdyr. Olar esasan
128
J. Rawlinson “The Sixth Monarchy” s. 15-16
178
köp sanly kowmdaşlaryny terk edip Palus Meotusyň
demirgazygyndan göçüp gelipdirler” diyip üstüni
ýetirýärler. Soňurak, Antuniosyň döwründe ýene-de bir
teori ýüze çykyp başlady. Bu teoriýa görä Partlar
Iskitlerden bolup, olary Sesortis özüniň Iskit
ekspeditsiyasyndan öwrülende özi bilen getirip Hazar
deňiziniň gündogarynda yerleşdiripdir (Arrian, Fr. 1.)…
Şeýlelikde partlaryň öz täze ýurtlaryna gelip
ýerleşmeleri olaryň atlarynyň ýüze çykmagyndan soň
bolýar. Olaryň atlary gaty ir döwürlerden ýüze çykyp
başlaýar. Ýunan taryhçylary b. e. soňky 2-nji asyra çenli
olar hakda esasy maglumat berip bilmeýärler, sebäbi
olar b. e. soňky 331-nji ýyldan öň partlara gabat
gelmeýärler. Partlaryň taryhy barada edilen esasy
işlerden iki hakykat orta çykýar: birinjiden partlar
hakda iş alyp barýanlaryň bir böleginde olaryň aslynyň
iskitlerden bolandygyna güýçli ynam döreýär. Ikinjiden
bolsa, olaryň (partlaryň, m.) atlarynyň exiles
(bosgunçylar, gaçgynlar) diýen manyny aňlatýandygyna
ynanypdyrlar. Şeýlelikde partlaryň, Ýunanlylaryň
“iskitleriň ýurdy” diýip tanaýan topraklaryndan göçüp
gelipdir diýen pikiriň ýüze çykmagy gerekdi. Şonuň
ýaly-da olar hakda imigrasya (bosgunçylyk) häsiýetinde
taryh döredilmegi hem tebigy zatdyr.
Gadymy ýazyjylaryň
ýazan
taryhlarynyň
derňelmeginden
gelip
çykýan
kanagatlandyryjy
hakykat, Partlaryň Skit karakterine (häsiýetine) eýe
bolandyklarydyr. Bu barada Ýustin, Strabon we Arrian
bir pikire uýýarlar. Partlaryň gylyk-hasiýetleri,
Iskitlerde bolan gylyk-häsiýetleri aňladýar. Olaryň
dilleri ýarym iskit, ýarym Mad (Midia), ýaraglanyşy
iskitleriň modasynda bolup, hakykatdan hem olaryň
gelip çykyşy, gylyk häsiýetleri we bütin karakterleri
iskitdir. Emma biz bu sözlerden nämäni düşünýäris? Biz
179
olaryň gelip çykyşy, edim-gylymy hem dili boýunça
Turanly bolup, edil şu gün hem Oxus (Tejen derýasy)
bilen Part daglarynyň (Köpetdagyň) aralygyndaky
topraklara eýelik edip oturan we ol ýurda berk ornaşan
Türkmenleriň
aýry-aýry taýpalary bilen
göni
garyndaşdyrlar
diyip
bilerismi?
Biz,
olaryň
töwereklerini gurşan arýanlara (arylara) garşy özleriniň
tebigy duşmançylygyny saklap, öz garaşsyzlyklaryna
bolan berk ynamy bilen, ençe asyr boyundyryklarynda
galan kesekilere garşy aýaga galandyklaryny kabul edip
bilerismi? Turan Eýrana garşy, belki müň ýyl olaryň
täsirinde bolandan soň aýaga galyp bu ülkede gaýtadan
öz üstünligini üpjün edenligini, olaryň arasyndaky bu
söweşiň ondan öň-de, şu güne çenli-de dowam edip
gelendigini öňe sürüp bilerismi?”129
Alym soň, iskitleriň Turanly urugyndan ýa-da
Indo-German jynsyndan (urugyndan) bolandygy
dogrusynda, şonuň ýaly hem ISKIT sözi belli bir jynsmy
ýa-da ýaşaýyş terzimi? diýen ýly soraglar hakynda
alymlaryň aýry-aýry pikirler öňe sürýändigini belläp,
umuman iskitleriň bir Turan tipidiginiň agyr
basýandygyny we olaryň Turanly diýip kabul
edilýändigini göz öňünde tutmalydygyny ýatladandan
soň (şol. s. 20), bu soraglar barada öz pikirini açyklap,
gürrüňini şeýle dowam etdirýär:
“Häzirki döwürde kä wagtlar „şol döwürlerde bu
regyonlardaky halklaryň hemmesi ýa-da köpüsi
(Bakteriana, Sogdiana, Sagartiana) arýanlardan hasap
edilýän bir wagtyň özünde, Partlaryň düýbünden abşga
bir etniki topara degişli bolmagy geň zatdyr“ diýilýär.
Emma birinjiden, ýeke täk bir etniki toparyň köp sanly
aýry-aýry etniki toparyň arasynda bolup bilýändigi,
etnologlar üçin örän tanyş hakykatdyr. Mysal üçin
129
ýene şol. S. 17-20
180
Italýadaky Etrosklar, Ispanýadaky Basklar, Kiçi
Asiýadaky Galatianlar we ş. m., galyberse-de bu
regýonlarda başga Turanly jynslaryň hem ýaşamanlygy
hiç-haçan subut edilen mesele däldir. Mysal üçin
Thamaneans (Samanylar, Samanlylar, m.).
Ýene-de
bir
aýdylýan
zat,
prtlaryň
arýanlydygynyň,
olaryň
atlaryndan
ýüze
çykýandygydyr. Emma bu getirilýän delil hem, ol
çykaryljak bolýan netijäniň tersini-de subut edip biler.
Dogry, Mitridats, Tiridats, Artabanus ýaly birnäçe
atlaryň asly arýan sözleridir, emma munuň tersine, bir
topar atlaryň hem arýan sözleri bilen hiç hili gatnaşygy
ýokdyr. Mysal üçin: Amminapes, Bakasis, Pakorus,
Vonones, Sinnakes, Abdus, Abdageses, Gotarzes,
Vologeses, Minaskiras, Sanatrekes, Orodes, Parrhases…
Egr-de partlar arýan bolsa, bu sözleri nämäniň
hasabyna goýmak bolar? Prtlaryň birnäçe pars
atlaryndan peydalanmagyna, olaryň arasyndaky iki ýüz
ýyllyk gatanşygynyň garşylykly täsiridir diýip düşünip
bolar. Bu mesele birnäçe däp-dessurlarda-da şeýledir.
Partlaryň birnäçe arýan adyny götermegi olaryň gelip
çykyşynyň arýan bolandygyny aňlatmaýar, çünki
Welşleriň, Norman atlaryndan peýdalanmaklary olaryň
Norman asylly bolandygyny aňlatmaýar. Üstesine-de
olaryň Norman bolmadyk atlarynyň barlygy-da edil
partlaryň arýan bolmadyk atlarynyň barlygy ýalydyr.
Bu iki halkyň-da hakyky etnologiýasynynyň açaryny
tapmak üçin ikinji derejeli çeşmelere ýüzlenmelidiris.
Partlaryň arýan däldigini aňlatýan (doly subut
etmese-de) ýene bir zat, olaryň atlarynyň ZendiAwestada ýoklygydyr. Partlaryň ýurtlary Nisaýa ýa-da
Niseýa (Nusaý, m.) ady bilen geçýär. Munuň özi heniz
partlaryň ol yerlerik gelip ýerleşmändigini aýdyň
suratda görkezýär. Muňa bolsa, arýan bolmadyk
181
partlaryň giçkiräk döwürlerde Turanlylaryň uly ýurdy
bolan demirgazykdan gelip ýerleşipdir diýip düşünmek
mümkindir (Julian, or. de Constant, gest. Ii.P.63,A.).
Partlaryň Turan asllydygyny subut edýän ýene bir
nygtaýjy (positiv) delil hökmünde olaryň atlaryna
esaslanmaklyk mümkindir. Partlar atlarynyň yzyna –ak
ýa -ac goşulmalaryny goşýarlar. Mysal üçin: Ars-ac-es,
Sinn-ak-es, Parrh-ac-es, Vas-ac-es, Phraat-ac-es...
Bu goşulmalaryň karakteri irki Wawilon [alym
bu ýerde Sumerleri göz öňünde tutýan bolsa gerek, m.],
Bask we olardan hem köpüräk Turan dillerine dogry
gelýär. Volo-geses, Abda-geses ýaly atlardaky -geses
goşulmasy bolsa Yenghiz [belki-de Çengiz, m.]
sözündäki -ghiz goşulmasy bilen derňemek mümkindir.
Turan kökli Annap (ýagny taňry) sözi hem, „Amm-inapes“ sözünde yz galdyran bolmagy ähtimaldyr.[biz
ýokarda Annp sözüniň gadymy Sumer we bu günki
türkmen dilindäki Anna, Anu, Änew ýaly sözler bilen
bir kökdenligi hakynda gürrüň edipdik, m.].
Partlaryň dilinden galyp bize gowşan, atlary-da
öz içine alýan sözler, biziň üçin olaryň etniki karakterini
kesgitlemäge kömek ederden gaty azdyr. Onuň üstesinede Surena (komandir, baş komandir) we Kreta, Korta
(şäher, gala) ýaly sözler bolsa, partlaryň tarapyndan
düşünilýändigine ynanylýan gaty az sanly sözlerdendir.
Bu iki sözüň ikinjisiniň arýan sözidigi bellidir. Ony
partlaryň parslardan alan bolmagy mümkindir. Birinji
sözüň arýan sözi däldigi bellidir, emma onuň Turan
sözüdigini hem bilmeýäris. Justiniň aydyşyna görä
Parthi (Party) sözi, iskit dilinde “sürgün edilen”,
“bosgunçy”(exiles) diýen manyny aňlatýar. Lassen bolsa
bu sözi “ara çäkden geçen”,”ara çägi bozan” diýip many
edýär, emma onuň etimologiýasyny açyklamaýar…”130.
130
ýene şol. S. 21-23
182
Bu ýerde biz iki sany örän ähmiýetli meseläniň
üstünde durup geçmelidiris. Birinjiden, J. Rawlinsonyň
bu örän gymmatly eserini ýazan wagtyndan bäri türki
dilleriniň etimologiýasy meselesinde örän uly öňe
gidişler, hatda özgerişler boldy. Mysal üçin Orhunýeniseý ýazgylary doly okalyp olar hakda linguistler
tarapyndan ençeme ylmy eserler ýazyldy. Netijede köp
sanly gadymy türki sözler tapyldy. Ikinji bir ähmiýetli
mesele bolsa, miladdan öňki (b. e. oz.) üçünji müň ýyla
degişli Sumer ýazgylarynyň okalyp onuň türki diller
bilen bir dil toparyna ýagny Agglutinativ (iltisaky)
dillere degişlidigi alymlaryň tarapyndan ykrar edildi.
1914-nji ýyldan başlap bolsa, Sumer diliniň sözligidir
grammatikasy aýry-aýry dillere terjime edilip başlanýar.
Bu ajaýyp hadysa, bir topar gümürtik hem ylmy
çekişmelere ýol açýan sözleriň kökiniň we gelip
çykyşynyň kesgitlenmeginde aýgytlaýjy rol oýnap
başlaýar. Mysal üçin günbatar alymy ;Sandor Scöke;
özüniň “Sumer hem Ural-Altay elementleri gadymy
yslawian dillerinde” atly eserinde, sumer diliniň üsti
bilen birnäçe sözlerdir grammatiki elementleriň köküniň
haýsy dil toparyna degişlidigini anyklamaga synanyşýar.
Bu alymyň pikrine görä, mysal üçin, türki dllelrde hemde pars dilinde ulanylýan “muz, muzd” söziniň sumer
dilinde-de “maş” görnüşinde bar bolnlygy üçin, bu
sözüň Indogerman dillerine (şol sanda pars diline)
degişli bolmagy mümkin däldir.”131
Galyberse-de ýokarda görşümiz ýaly, soñky
wagtlarda Part döwrüne degişli kä ýazuwlaryň
okalmagy, şol ýazuwlaryň diliniň şu günki Türkmen
diline gaty ýakyndygyny subut edýär.
131
S. Scöke “The Sumerian and Ural-Altaic elements in the old Slavic
Language-1979, s. 95
183
Şeýle çözgütden ugur almak bilen ýokarda
Rawlinsonyň öňe süren üç sany sözüniň gelip çykyşy we
köki hakda aşakdaky pikiri öňe sürmek mümkindir:
-Surena (goşun başlygy): Bu sözüň köki su(sü)
bolup, galany bolsa onuň goşulmasydyr. ;Sü; sözi
Orhun-Ýeniseý ýazgylarynda :goşun; manysynda
gelýär.132 Netijede sü (ýa su) sözi “goşun” we Süren
bolsa “gşun başlygy” ýa şoňa ýakyn bir manyny
aňlatýan gadymy türki söz bolmaly. Galyberse-de Süren,
Türkmensähradaky Agatabaý türkmenleriniň arasynda
örän ýörgünli köne atlaryň biridi, emma gynansak-da
türkmen atlarynyň gysylyp çykarylmagy netijesinde,
soňky onýyllyklaryň dowamynda Süren, Alan, Göreş,
Tumar ýaly taryhy ähmiýeti bolan ençeme atlar hatda
ýer-ýurt atlary ýitdi we ýitýär. Olary ýazuwa geçirip
ebedileşdirmelidiris.
-Korta (şäher, gala): Dogry, bu söze ýakyn sözler
Indo-German dillerinde-de kret, gorod görnüşinde bar.
Emma ýene bir tarapdan hem, bu sözüň köki “kor”
bolup “-ta” onuň goşulmasy bolmagy gaty ähtimaldyr.
“Kur” sözi Sumer dilinde “dag”,”depe”, “daglyk oba”
hem “ýat ülke” ýaly manylarda bar. Köne türki dillerdede “kur” yagny “galdyrmak”, “kurgan” bolsa depe
manyda gelýär. Korta sözüniň ýokarda agzalan “gala”
manysy-da beyikligi aňlatýar. Galyberse-de şu günki
türkmen dilinde “küren” sözüniň „köp ilatly oba“
manysynda barlygy bu sözüň köküniň türki dillere
degişli bolmak ähtimalyny has-da güçlendirýär.133
-Party, parthi (sürgün edilen, bosgunçy): Bu söz
dogrusynda hem, “p” we “b” sesleriň hem-de ony
132
A. Von Gabon „Eski türklein Grameri“ Ankara-1993 (sözlük bölümi)
we Wilh. Thomsen, „Orhon we Yenisey yazitlarinin çözümi“ Ankara1993 (sözlük bölümi)
133
„5000 ýyllyk...“ sözlük bölümi.
184
görkezýän harplaryň bir-biriniň yerini almak
hadysasynyň ähli dillerde, ylaýta-da türki dilleridir
şiwelweinde adaty hadysalygyny (barmak=parmak, bar
bol= par bol…) göz öňünde tutanymyzda, “party”
sözüniň köki par=bar(barmak, gitmek) bolup, gadymy
türki dillerde köpligi aňladan “–t” goşulmasyny kabul
etmek bilen “baranlar”, “gidenler” diýen manyny alan
bolmagy kanuna laýykdyr diýip hasap edýärin. Çuwaş
dilinde “pir”=gitmek we “pirat”=uzaklaşdyrmak ýaly
manylarynda bar134. Munuň üstesine-de “bar” sözi
Sumer dilinde-de « barmak », « uzaklaşmak » hatda
« sürgün etmek » ýaly manylarda bar.135
Netijede, ýokardaky sözleriň üçüsiniň hem
köküniň Türk-Sumer dillerine degişlidir diýsek ýalňyş
bolmasa gerek.
Gürrüňimizi yene-de J. Rawlinsonyň sözleri bilen
dowam etdirýäris:
„…Eger-de biz partlaryň dilini göz öňünde
tutmak arkaly olaryň gelip çykyşyny we aslyny kesgitläp
bilmesek, olaryň Turanly bolandygyny kabul etmek üçin
edim-gylymlarydyr däp-dessurlaryny göz öňünde
tutmak örän güýçli ähtimaly orta çykarýar. Türkmen we
Tataryň aýry-aýry taýpalarynda bolşy ýaly, Partlaryň
hem bütin ýaşaýşy diýen ýaly at üstünde geçýärdi.
Gürleşmek, ylalaşmak, aluw-satuw, hatda iýipiçmekleri-de at üstünde bolup geçýärdi... Aw awlamaga
örän höwäsjeňdiler. Haýsy eti tapsalar iýýärdiler.
Iymekde kanagatlydylar, emma gaty köp içýärdiler. Köp
geplemeýärdiler,
emma
gaty
kakabaş
hem
gaharjaňdylar. Içerde-daşarda uruş-jenjel araýardylar.
Halkyň az sanlysy azat-erkin yaşaýardylar, galanlary
134
A. Vambery “Etimologische Wörterbuch der Turko-Tataischen”
Leipzig-1878 s. 199.
135
„5000 ýyllyk...“ sözlük bölümi.
185
bolsa az hukukdan peýdalanýan gullar ýalydylar.
Çarwaçylyk däpleri agdyklyk edýärdi. Olar hatda iň uly
halk ýeňişini gazanan döwürleri hem özleriniň öňki sada
öýlerinde ýaşaýardylar we gödeksi ýarym çarwa
karakterini dowam etdirýärdiler. Hatda ol halkyň iň
ösüp şalyga ýeten bölegi-de bu gylyk-häsiyetlerini köşk
saraýlaryna eltýärdiler we olaryň soýlary (han-begleri,
iýgbaýarlary) oturymly halklaryň hem-de daşary
ýurtlaryň ýaldyr-ýuldyrlaryny yzygiderli kemsidip
gezýärdiler. Parfiýa monarhyýasy (ýokary gatlagy),
“Gibbo Justlynyň” açyklamasyna görä, Hindistandan
garaşsyz Mongullarda bolşy ýaly, özleriniň Iskit atababalaryna eýerip çarwaçylyk ýaşaýşyny saklamaga
ýykgyn
edýärdi.
Olaryň
hatda
şäherlerde
ýerleşendikleri-de belli däl…Bularyň hemmesi partlaryň
uly häkimiýet guran döwürlerinde-de çarwaçylyk
adatlarynyň täsirinde ýaşandyklaryny subut edýär.
Umuman aýdanymyzda, doly subut bolmasa-da,
partlaryň
Turanly
karakteriniň
(häsiýetiniň)
bolandygyny ýokary derejede görkezýär…
Biz partlary, gadym döwürdäki Hunlar (Gunlar),
Bulgarlar we Kumanlar hem-de häzirki döwürdäki
Galmyklar, Uýgurlar, Özbekler w. ş. m. ýaly göz öňüne
getirmelidiris. Belki-de partlaryň iň ýakyn nusgasyny
görkezmek islesek onda, olaryň ilkinji döwleti
esaslandyran döwri üçin, takmynan olaryň şol günki
ýurtlaryna eýelik edip oturan şu günki (19-njy
asyrydaky, m.) Türkmenleri, ösen döwürleri üçin bolsa
Osmanly Türkleri mysal getirip bileris. Olar edil
Türkler ýaly, Aziýada kän görülmedik ýokary derejede,
goşunçylykda örän uly güýç hem gaýrat, döwlet gurup
ony dolandyrmakda bolsa örän ýokary ukyp
görkezdiler…“136
136
J. Rawlinson, s. 23-26
186
Indi, linguist (dilçi), etnolog hem-de taryhçy,
türki halklaryň dilini hem taryhyny ylmy suratda
öwrenmekde uly işler bitiren A. Vamberyniň biziň
temamyza degişli öňe süren pikirleri bilen tanyş bolalyň:
„Şu
günki
Hazar
deňiziniň
günortagündogarynda irki Dehistan ýerleşipdir. Bu ýerde Dahe
(Dah, Daý) ady bilen tanalan Partlar ýaşapdyrlar. Olar
hakda “Strabon” öziniň 11-nji kitabynda giň maglumat
berýär…
Birneme gündoarrakda [kitabyň Alman dilindäki
nusgasynda ýalňyşlyk bilen günbatar ýazylypdyr, m.]
häzirki Nusaýyň töwereginde Partlaryň meşhur
paytagty ýerleşipdir. Olaryň höküm sürýän ýurtlary
häzirki Eýran çäklerine çenli uzapdyr. Ol halkyň Türk
bolandygyna şüphelenmek gaty kyndyr. Partlary şu
günki Türkmenler bilen deňänimizde bolsa onuň
şeýledigine garşy bolan ähli bökdençler aradan gidýär.
Hawa, bar zat onuň dogrudygyny nygtaýar; At
münmäge örän ökde, elleri ok-ýaýly, oturumlylyga geçen
Eýranlylara garşy şol irki döwürdäki tutumy, şol
gylyklara eýe bolan häzirki türkmenleriň-de [19-njy
asyryň ortalaryndan söz edilýär, m.] parslara garşy
tutumy bilen deň gelýär. Munuň şeýledigini nygtaýan
ýene bir zat bolsa, şol döwürlere degişli “Hirkaniya”nyň
adydyr. Bu söz pars dilindäki gorgan (gurtlar) diyen
sözden gelip-çykýar. Parslar şol çöllerde ýaşaýan
söweşjeň ilata gorgan ýagny gurtlar diýip at
beripdirler…“137
Biziň pikirimize görä “Gorgan” sözi gadymy türk
sözi bolan “kurgan” ýa-da häzirki aýdylşy ýaly “gorgan”
ýagny “depe” sözünden gelip-çykan bolmaly. Sebäbi, bu
alymyň özüniň ýokarda türkleriň ýaşan ýurtlarynyň
alamatydyr diýip bellän “kurgan”larynyň yzy edil şol
137
A. Vambery “Das Turkenvolks” s. 383-4
187
gadymy Gorgan (Gürgen) diýip atlandyrylan, häzirki
Türkmensähranyň merkezi bolan “Kümmet Gowuz”
şäheriniň
töwereginde
hem
bar.
Gürrüňimizi
Vamberiniň sözleri bilen dowam etdiryäris:
„Käse ýa-da piýala , şamançylyk döwrüne degişli
bolup, elinde käse bolan adamyň heýkeli, belli bir dini
baýramçylygy aňlatýar. “aýak” atly piýala hakda biz
“Kutatgu Bilik” kitabynda okaşymyza görä, dini ülňi
(simwol) hökmünde şazadalaryň döwlet derejesini
aňladýan alamatdyr. Ele käse almak bilen, başa täç
oturtmak dabarasy başlanýan eken. Mysal üçin
“Batuhanyň” gypjak tagtyna geçip başyna jyga goýan
(sanjan) pursaty…“138
„…Türk sözi bütin türki halklary aňladýar.
Türkmen sözi bolsa diňe bu halklaryň taryhdan öňki
döwürlerde, iň günbatara dogry ýaýrap giden
bölümidir. Bu topardan taryh sahnasyndaky aldymberdimli hadysalardan özlerini alyp çykyp bilen,
özbaşdak halklar hökmünde Peçenekleri, Kanglylary,
Saljyklary we Osmanlylary tanaýarys. Ýöne, olar
özlerini Türkmen diýip atlandyrmaýarlar. Şu gün hem
Gürgen we Tejen ýakalaryndaky göçme türkmenler
özlerini ýomutlar we tekeler diýip atlandyrýarlar we
türkmen sözüni soň getirýärler, şol bir wagtyň özünde
hem türk sözüni, öz-özünden belli bir söz hökmünde
düýbünden taşlapdyrlar. Ýokarda aýdylanlary göz
öňünde tutup, Turkumanlar [Vambery şeýle ýazypdyr,
m.] özlerine dogruçyllyk bilen “Türkmen” diýip at
berýärler, ýagny sözüň dogry manysynda türkler
diýmekdir. Bu sözüň syýasy manysyny hem-de
garyndaşlyk ähmiýetini göz öňünde tutanymyzda ol,
hakykatda iň irki taryhlarda ýüze çykan türklerdir.
Olaryň atly güýçleri Rim (Rum) leţýonlary bilen
138
ýene şol. 30-31
188
bäsleşip, olaryň täsin hem hormatyny gazanypdyrlar.
Edil şu günki türkmenleriň parslaryň garşysyndaky
pozisýasy ýaly…“139
alym soň bu ugurdaky pikirini has ylmy
delillendirmek maksady bilen, gürrüňiniň dowamyny
dil derňemelerine syrykdyryp şeýle ýazýar:
„Sami we Hind dilleri barada Kramer, Hommel,
Lalamitra, Baburajendra we Zimmer ýaly alymlaryň
eden işlerini hem açyşlaryny biz, has ynam bilen türk
dili hakynda-da edip bileris. Türk dilinde has netijeliräk
bolar sebäbi Agglutinativ (iltisaky) karakteri, bu diliň
örän ir zamanlardan bäri üýtgemän galandygyny
görkezýär. Biz örän giň ýurtlarda, 90 Jugrafy
maýlyndan uzaklara ýaýylyp ýaýran türklerde, birnäçe
dil däl-de diňe dialekt aýratynlyklaryndan söz edip
bileris. Biz Etimologiýa barlaglardan, çekinmeden
Etnologiya üçin hem gymmatly peýdalanyp bileris.
Etimologik
netijeleriň
etnologik
gymmaty-da
140
bardyr…“
„Şu güne çenli, çenden aşa köp sanly türk
sözleriniň täze pars diline diňe 11-nji asyrdan Saljyk
(Seljuk) döwletiniň ady bilen ýüze çykan türklerden
girendigini, gadym parsçada şeýle sözler ýokdyr diýen
ýalňyş düşünje öňe sürülip gelýär. Emma biz “ZendiAwesta” hem-de „Pählewi” dilini ele alanymyzda, bu
düşünjäniň dogry däldigine göz ýetirýäris. Pars diline
giren türk sözleriniň Saljyklardan gaty öň, Demirgazyk
Eýranda (etniki araçäkde) ýaşan türklerden hem-de
türk bolmagy gaty ähtimal bolan partlaryň üsti bilen
girendigini inkär etmek mümkin däldir…
Mysal üçin: “Borhany Gate” leksikasy, “Ferheňňi
şu-uri” we başgalara esaslanyp “Johnso” tarapyndan
139
ýene şol. S. 386-7
:ýene şol. S. 46
140
189
ýazylan “Dictionary of Persian, arabic and Englisch,
London-1852” atly eserde gaty köp sözlere pars figorasy
berilipdir (parslaşdyrylypdyr). Emma olaryň köküniň
we gelip çykyşynyň türk sözlerdigine hiç-hili şüphe edip
bolmaz. Olardan bir näçe mysal hökmünde şu
aşakdakylary görkezmek bolar:
Aş (Speise, damak), eşam (kost), al (roth, gyzyl),
alaw (Flamme,ýalyn), ordu (Lager,orda), otak (Zelt,
çadyr), ortak (Kaufmenn, söwdgär), çekiş (Hammer,
çekiç), çakyr (Weinhaus, şerap öýi), çerker (Musikant),
çapuk (schnel, çalt), çador (Zelt, çadyr), çak, çag (Zeit,
zaman), çaku (Messer, çakgy, pyçak), çal (grau, çal reňk),
çepken (Mantel, çäkmen), bogra, bagra (Eber, ýeke gapan),
bakawul (Küchen aufseher), tagar (Gefäss, gap), tamga
(Siegel, tagma), tuman (Nebel, duman), töşek (Bett, düşek),
tuman (Haufe, topar) toý (Fest), sal (Floss, galam), gaş
(Augenbraue,), kak (gedörrte Fische oder Fleisch), goç
(Widder), gadagan (verbot), garawul (Wache), galawuz
(Wegweise), gatak (Sattelholz, eýer agajy), gor (Waffe, ýarag),
goşun (Armee), kawak (hahl, gabyk), ketek (Stack), kel, keçel
(kahl), kureş (Vorstellen, görüş, tanyş etmek), kur (blind, kör)
w. ş. m. …
Halk diline hem edebiýatyna giren bu türk
sözleriň, ýokarda-da aýdylşy ýaly, bir näçesi
Ilhanlylaryň hem Holakulylaryň döwründe giren bolsa,
bir topary has irräklere, has gadymy döwürlere
degişlidir. Bir böleginiň üstünde bolsa heniz etimologiýa
çekişmeler gidýär. Birinji kategoriýa degişli sözlerden
sub (Wasser, suw) bu şekilde diňe irki Uýgur dilinde
ulanylypdyr. Gadymy gazgan (Kessel) we başgak
(Anführer, başlyk) bu gün gazan we başak görnüşinde
bolup, ondaky “k” harpy bolsa örän gadymy bir
grammatik formasyny görkezýär. Şeyle-de salar
(Anführer, ýolbaşçy) sözüne salgylanýarys. Bu söz türk
sözi bolan sal (in Bewegung setzen, ausschicken, ýola
190
salmak) sözünden gelip çykýar, şur (gesalzen), bu söz
türkçede şor (Salzsteppe, şorluk), Mejar dilinde so
(Salz)dyr. Parsçada onuň ýerine “nämäk” sözi bar.
Şonuň ýaly hem “hana” (Haus, öý) türk sözi bolan
gonak (Haus, oturylýan ýer) bolup “gon” sözünden
ýagny gonmak, oturmakdan gelip çykýar. Hun (Blut)
türk dilindäki gan sözi bilen ses garyndaşlygy-da bir
tötänden ýüze çykmakdan has çuňurakdyr.
Eýrana, arylaryň demirgazyk çäginden, türk dili
örän gadymdan çuňňur täsir galdyrypdyr. Täjik diliniň
hatda içki formasyna-da täsir edipdir. Mysal üçin täjik
dilinde köplenç türk goşulmasy bolan “ba” ulanylýar:
“där in” ýerine “in ba”, “där an” ýerine “on ba”, şonuň
ýaly hem türkçe “kilgen”, “kitgen” sözleriniň
goşulmasyndan peýdalanyp “amada äst” ýerine
“amadagi”, “räftä äst” ýerine “räftägi” ýaly işlikler
ulanylýar.
Biz, her biri bir şem yaly bolan bu türk sözlerini
birikdirip bir çyra ýasamak arkaly taryhdan öňki
döwürleriň
tümligine yşyk tutanymyzda, gaty ir
döwürlerde köp sanly halklary görýäris. Bu halklar
Altaý bilen Wolga aralygyndaky otluk-suwlyk ýelerde
özleriniň atlary, goýunlary hem düýeleri bilen agypdönüp gezip, olaryň süydini içip, etini iýip, derisini geýip
ýaşapdyrlar. Bu halklar gaty ir döwürlerden başlap asly
ýurtlaryny taşlap günorta we günbatara tarap süýşüp,
oňat klimatly ýurtlary, yzygiderli uruşlar bilen
eýeläpdirler…
Türkleriň günorta hem günbatara tarap
hereketleri, Wolganyň üsti bilen Garadeňiz boylaryna
we Gündogar-Ýewropa ýa-da Amyderýanyň hem
Gürgeniň üsti bilen Eýrana, Isadan öň (b. e. oz.) gaty ir
zamanlarda başlanypdyr, bir näçe ýurtlary hem
eýeläpdirler…
191
Men bu ýerde ýene-de W. Weiger´siň
„Ostiranische Cultur in Altertum“ atly kitabyna
esaslanýaryn. Onuň Awestadan alan sözleriniň içinde bir
toparynyň köküniň hem gelip çykyşynyň türkçedigine
şek-şüphe
yokdur.
Mysal
üçin
çakuşa
“Tschakuscha”(Weiger´s, s. 415) sözi, türk sözi bolan
çekuç ýa-da çekiç (Hammer)den alynypdyr. Bu sözüň
köki ;çak; ýagny “urmak” bolup onuň dogry aýdylşy
“çakuşa” däl-de “çakyjy” ýagny “urujy” bolmaly.”141
Alym sözüniň dowamynda “Fin-Ugor” dilli
halklaryň, türkleriň asly ýurtlaryndan gaty ir
zamanlarda demirgazyk-günbatara göçüp şu günki
ýurtlaryna
(Finland,
Mejarystan,
Lapland..)
ýerleşendiklerini nygtaýar we olaryň günorta-günbatara
hereketiniň bolsa gijiräk başlandygyny belläp şeýle
ýazýar:
“Şol ýagdaýlarda türkleriň ilkinji göçüniň haýsy
döwürlerde başlandygyny kesgitlemek kyn. “Tanis”iň
aňyrsyndaky “iskitler” türk göçebeleri bolmaly. Şonuň
ýaly-da Indo-Bakteriýa döwletlerine aralaşan “saklar”da şeýle bolmaly. Men olar hakda özümiň “Mejarlaryň
gelip-çykyşy” atly işimde gürrüň edipdim. Partlaryň
hem-de häzirki Eýranyň demirgazygyndaky göçme
halklaryň-da türk bolandyklarynyň ähtimaly gaty
güýçlidir. Çünki olaryň at münüjilik hünäri, ok-ýaý
ulanmakda ussatlyklary hem-de beýleki gylykhäsiýetleri, şonuň ýaly-da ýaşaýyş terzi hakyndaky,
Rimlileriň (Rumlylaryň) berýän maglumatlary, bizi
şeýle netijä eltýär…”142
“Biz türkleriň Aziýanyň çäksiz giňişliklerinde, şu
günki ýaşaýan ýurtlaryny göz öňüne getirenimizde,
olaryň iki aýry-aýry göç ugurlaryna göz ýetirýäris:
141
142
ýene şol. s. 55-57
ýene şol. s. 64-65
192
Olaryň birinji geçiş ýoly demirgazyk-günbatara
tarap bolup, selçeňiräk hem-de köp güýç ulanmadan
aralaşypdyrlar…günorta hem-de günorta-günbatara
tarap bolsa örän kynçylyk bilen, uzak wagtlara süren
uruşlar hem goşun çekmeler netijesinde amala aşyp,
Hytaýlylaryň,
parslaryň,
Rimlileriň
hem
Bizantiýalylaryň güýçli garşylyk görkezip böwet
bolmaklary netijesinde ýuwaş-ýuwaşdan aralaşyp
bilipdirler. Onuň müň ýyllara sürendigini aýtsak, aşa
gitdigimiz bolmajak bu uruşlar hakynda, etnologiýa
taýdan
oňaýlyrak netije alyp
boljak
Hytaý
kalandarynda gaty az maglumat berilýär.
Ferdowsiniň
şanamasynda
bolsa,
ynanyp
bolmajak ýagdaýda we erteki görnüşinde gürrüň
berilýär. Virgil, Sallustius we Propertius ýaly Rimlileriň,
partlar hakyndaky ýazan kinaýaly sözleri-de edil
şeýledir. Bularyň ikisinde-de özleriniň hamana wagşy
duşmanlaryndan berilýän ýüzleý hem bir taraply
teswirler (suratlandyrylmalar) diňe gözboýagçylyk bilen
Eýranlylaryň hem-de Rimlileriň gahrymançylyklaryny
öwmek, magtamak hem mahabatlandyrmak maksady
bilen ýazylypdyr. Olaryň garşydaş duşmanlarynyň dilini
hem milliýetini öwrenmäge ýekeje söz hem ýok diýen
ýalydyr…”143
“Türk dillerinde örän uly roly bolan “y”, “ö”, “ü”
ýaly sesleriň arap hem pars dillerinde ýok bolany üçin,
arap-pars
awtorlarynyň
türk
sözlerini
okap
ýazyşlarynyň ýüzde togsany ýalňyşdyr diýsek aşa
gitdigimiz bolmaz…”144
“Wolga (Itil, Idil), Ural (Ýaik) we Emba
derýalary 6-njy asyrda-da özleriniň türk atlary bilen
tanalypdyr. Ol ýerde ýaşaýan halklar şol döwürlerde ýa143
144
ýene şol. s. 78-79
ýene sol. s. 10
193
da ondan has ozal türk asylly bolupdyrlar. Çünki eger
şeýle bolmadyk bolsa olaryň atlary türkçe bolman eýsem
Fin-Ugor dillerinde(türk dili bilen garyndaş dil, m.)
bolardy.”145
“Bu ýerde gadym Eýranyň eposlarynda teswir
edilýän, özleriniň demirgazykdan çozýan çarwalar,
ýagny Turanlylar bilen olaryň arasynda bolup geçen
güýç synanşyklary hem-de yzygiderli duşmançylyklary,
şonuň yaly-da bar bolan beýleki taryhy dokumentler,
türk diliniň gaty ir zamanlardan öz täsirini pars diline
ýetirip başlandygyny subut edýär…”146
Gürrüňimizi esasan, ýokarda ady geçen
“Muhammedhasanhan
E-temadossältänäniň eserine
salgylanmak bilen, jemleýji äheňde yzarlaýarys.
Jemleýji äheňde diýýänimiziň sebäbi:
birinjiden, bu alym öz kitabyny ýokarda
garaýyşlary
bilen
tanyş
bolanymyz
günbatar
alymlaryna, ylaýta-da J. Rawlinsonyň ylmy işine
esaslanyp ýazypdyr, hatda köp ýerlerde onuň
(Rawlinsonyň) sözleriniň gaýtalamasydyr.
Ikinji tarapdan bolsa ol, esasan türkmenleriň
güýjüne daýanmak arkaly Eýran hökümetini ele geçiren
we türkmenler bilen garyndaş bolan gajar şalaryndan
“Nasereddinşanyň” köşgünde onuň medeniýet ministri
ornunda işlän alymdyr. Hut şonuň üçin hem ol, Eýranyň
türki halklaryny, şol sanda türkmenleri oňat tanaýan
adamdyr. Şeýlelikde, şol döwrüň geosyýasy şertleriniň
täsirinde biziň milletimize bolan käbir oňaýsyz (negativ)
garaýyşlaryna garamazdan, bu taryhçy alymyň öňe
süren pikirleri biziň üçin örän ähmiýetlidir diyip
düşünýärin. Alym Parfiýa döwletini guran taýpalaryň
gelip-çykyşy dogrusynda şeýle ýazýar:
145
146
:ýene şol. s. 16
ýene şol. s. 569
194
“Eýranyň ;Kiýanylar; bilen ;Sasanylar;yň
aralygyndaky ;taýpalar hökümeti; iki taýpadan
ybaratdyr: ilkinji taýpa “Äşkanylar” diýilýär we iknji
taýpanyň ady bilinmänsoň, birinji taýpanyň adyna
eýerip “Äşganylar” diýilýär. Bu iki taýpa 500 ýyl
töweregi Eýrana hökümet edipdirler. Birinji taýpanyň
başlygyna “Äşk” diýilýän eken [Bu söz “Färhänge
Ämid” atly pars diliniň sözlüginde Ärşek görnüşinde:
Är, Erkek manysynda gelýär. Ors alymy Dandamaýew
we türkmen alymy N. Gullaýewiň we häzirki türkmen
alymlarynyň köpüsiniň pikirlerine görä ol, Ärsak bolup,
saklaryň äri, saklaryň gahrymany diýen manydadyr.B.
G.]. Ol, şalaryň urugyndan bolman eýsem,
ýer
ýüzündäki taýpalaryň gelip çykyşy hakda kitap ýazan,
özi-de gaty köp bilen hem akylly bolan we işini örän
dykgatly ýazan Iňlis alymlarynyň biriniň aýtmagyna
görä birinji “Äşk”iň asly Derbendiň ol ýanyndaky
Dagystanlylardan bolupdyr. 50 ýyl Eýranda höküm
süren Isgenderiň örnuny eýelän Ýunanlylaryň edýän
zulumlary, ilaty çykgynsyz güne salmagynyň yzyndan,
örän batyr hem özüne buýsanýan bu gahryman,
Isgenderden soň üçünji şa bolan “Antioxes”yň garşysyna
baş galdyrýar. Eýranlylar-da oňa bil baglap goldaýarlar
we onuň töweregine agyr ilat toplanýar, Äşk bilen
Antioxesyň arasynda uly söwes ýüz berýär. Hudaýlyk
hyýalyny edip özüni “Teos” atlandyran Antioxes bu
söweşde ölýär, töweregindäki ilaty bolsa Şam hem
Antakyýa
tarap
gaçyp
gidýärler,
şeýlelikde
Ýunanlylaryň Eýrandan elleri çekilip, halk olaryň
zulumyndan dynýar. Emma Äşk gaty paýhasly adam
bolansoň özüniň [Eýran] şalarynyň urugyndan bolman
eýsem “Türk” bolandygy üçin parslaryň oňa boýun egip,
tutuş Eýranyň häkimliginde saklamajakdyklaryna gözi
çatýardy. Hut şonuň üçin hem ol, ony goldanlaryň
195
hyzmatlaryny göz önünde tutup, özüni uly uruşlarda
goldamak, soňky nesillerini şalyk tagtynda saklamak
hem-de kesekileri ýurda salmazlyk şertleri bilen, olaryň
hersine Eýranyň bir böleginiň häkimligini bagyşlady,
ulurak bölegini bolsa özüne saklap tutuş ýurduň
baştutany boldy. Şeýlelikde onuň soňky nesilleri-de yzlyyzyna patyşalyk etdiler we başgalar-da olara boýun
boldular, Eýrana göz garaldýan Rimliler bilen mertlerçe
söweşdiler. Eýranlylaryň olaryň ýagdaýlaryndan hiç hili
habarlary ýok, emma Rimlileriň erbet ýagdaýda olardan
ýeňilendikleri hakynda köp ýazypdyrlar. “Juliýan” we
başgalaryň urşlary meşhurdyr, olaryň gürrüňi gaty
uzyndyr…”147
“Taryhy ertekiden saýlamak bilen ylmy deliller
esasynda eser döreden soňky taryhçylar, dogruçyllyk
bilen şu aşakdaky hakykatlara düşünipdirler:
Äşkany patyşalary biziň gadymkylarymyzyň öňe
süren pikirleriniň tersine, asly we gelip çykyşy Eýranly
däl-de eýsem Turanly taýpalardan, ýagny Partlardan
bolupdyr. Part sözüniň dogry aýdylşy “Parth”dyr. Bu
kowmyň
gelip
çykyşy
dogrusynda
kä
gapmagarşylyklardan
halas
bolmadyk
bolsa-da
alymlaryň we bilijileriň garaýyşlaryndan şu aşakdaky
hakykatlary aýdyp bolar:
Adamzadyň aslyny hem gelip çykyşyny öwrenip
inçelän alymlar, ýer ýüzündäki ynsanlary üçe bölýärler:
birinjisi “Sam” perzentleri, ikinjisi “Ham”yň bärisi,
üçünjisi bolsa “Ýafes”iň ogullary, bularyň üçüsi-de
“Nuh” Pygambaryň ogullarydyr. Bu üç pudagyň birisi
bolan
Ýafes
ogullaryna
“Iskit”
diýen
ady
beripdirler…Iskit kowmynyň önüp-ösüp urbamagyndan
köp sanly tire-taýpalar ýüze çykýar. Bu taýpalaryň
birisi-de ;Part; bolup Äşkany patyşalary bu taýpadan
147
„ Muhammedhasanhan. E-temados-sältänä“ s. 96-97
196
bolupdyrlar. Arap we Ajam taryhçylaryň olardan dogry
habarlary ýok. Beýleki halklaryň alymlary, taryhy
dokumentleriň esasynda (bu barada giriş bölümde
agzapdyk) olaryň ýagdaýlary hakda ýazypdyrlar.
Olardan käsi, parth taýpasy iskit kowmlarynyň biri
bolup, olara öň “Parny” ýa “aparny” diýipdirler, olaryň
bir bölegi Azof deňiziniň demirgazygyndan ýurtlaryny
taşlap Eýrana gelýär, uly topary bolsa, şol töwerekde
galýarlar.
Kä biriniň aýdyşyna görä parthlar köp ilatly iskit
milletinden aýrylyp Horosanda ýerleşýärler. Bir
taryhçynyň aýtmagyna görä: Iskitler üç sany adamzat
toparynyň biri bolup, bugdaý ireňkli ilata degişlidir.
Olar gaty köp sanly tire-taýpalar bolup taryhyň ilkinji
asyrlarynyň şertlerine uýgunlykda oturymlylygy
söýmän, köplenç mal-gara bilen çadyrlarda ýaşamgy
gowy
görýärler,
olaryň
göçüp-gonup
ýaşaýan
ýurtlarynyň
çygry
Hazar
we
Garadeňiz
töwereklerindäki çöller bolupdyr…”148
Ýene bir alym seýle yazýar: birnäçe asyr Isa
pygambaryň dogumyndan öň asly “Dahy” bolan iskitler
Hazar deňiziniň gündogarynda oturypdyrlar, heniz hem
olaryň ýurtlaryna “Dehistan” diýilýär. Dehistan bolsa
“Dahystan”
[Dahlaryň
ýurdy,
m.]
sözüniň
gysgaldylmasydyr.
Sözi şeýle köp uzatmakdan maksadymyz,
okyjylar bu ugurda iş eden aýry-aýry alymlaryň we
ussatlaryň sözlerine üns bermek bilen şulary bilsinler:
Bir bölegine Eýran we bir bölegine bolsa Turan diýilýän
giňişlik, çöllerde ýaşaýan Iskit taýpalarynyň at oýnadan
meydany bolupdyr. Ýafes-ibni-Nuhyň bärisi bolan ol
taýpalar, bu iki ýurduň çäklerinde ýaýlak we gyşlak
edinipdirler, ýagny olar dowamly Hindukoş bilen
148
ýene şol. s. 99-107
197
Kawkaz daglarynyň, Frat boýlaryndan Send derýasynyň
arasyndaky giňişliklerde ýurt tutunypdyrlar. Olaryň bir
topary bolsa Ýewropa ýurtlaryna göçüpdirler. Emma bu
mesele biziň temamyzyň daşynda bolany üçin ol hakda
söz etmeýäris…
Turanda ýa Türküstanda galan iskitler ýa
türkler, - häzirki Türkmenler hem şol kowmlaryň
biridir - käleri Eýranlylar ýaly oturymlylyga we
ekerançylyga meýl görkezip ösüş ýoluna düşdiler, käleri
bolsa türkmenler ýaly öňki ýollaryny dowam
etdirdiler…goz (oguz) taýpasy-da şulardandyr. Olar
ýaramaz hereketlere ýüz urandyklary üçin taryhyň
sahnasyndan ýitip gitdiler. Olar, Keyhosrowyň Amy
hem Syr derýlardan geçip söweşeni, şol gadymy
Massaţet ýa Massaget taýpasydylar. Açyklanmalara
görä Massagetler, iskitleriň bir kowmydyr. “ma” sözi
pählewi dilinde “uly” manysyny aňlatýan “meha”
sözüniň gysgaltmasydyr. “get” ýa “ţet” bolsa, iskit
sözünden gelip çykypdyr, ýagny “uly iskit” , ilaty köp
iskit diýmekdir, ţet ýa get sözi ýuwaş-ýuwaşdan arap we
pars dillerinde “goz” görnüşine üýtgäpdir. Şeýle
ýoýulmalardan hem üýtgemelerden çen tutmak bilen
“sit”, “iskit”, “site”, “sekistan”, “sekser”, “seksar” ýaly
sözleriň-de bir kökdendigine düşünip bolar.
Alymlaryň aglaba köpüsiniň açyklamasyna görä,
iskit ady bilen tanalýan ähli taýpalaryň aslynyň we gelip
çykyşynyň Turanly bolandygy we “Partlaryň”-da şol
taýpalaryň biridigi bize belli boldy. Indi bu taýpanyň
takmynan haýsy döwürde Turandan Eýrana gelendigini
we haýsy ýurtlarda ýerleşendigini, olaryň gelip gonan
ýurtlarynyň ady “Part” bolupmy? ýa-da ol ýurt adyny
bu taýpadan alypmy? Diýen soraglara jogap
tapmalydyrys…
198
B. e. oz. 456-njy ýylda öz taryhyny ýazan
Herodot,
Kiýany
şalarynyň
höküm
sürýän
ýurtlaryndaky taýpalary sananda partlardan-da at
tutýar. Şeýlelikde bu taýpanyň Herodotyň zamanyndan
öň amyderýadan geçip Eýranyň çäklerine aralaşandygy
doly suratda belli bolýar…
Kä ýazyjylardyr taryhçylar Äşkanylar (Ärşaklar,
m.) taýpasynyň hem urugynyň oturan ýerleri bolan Part
ýurduny edil Pars ýurdy bilen bir hasap edipdirler hemde part şalaryny pars şalarydyr öýdüpdirler. Emma bu
bir ýalňyş düşünjeden başga zat däldir, sebäbi, hem
Herodot hem-de Isgenderiň ýörite taryhçylary we
“Agatanjlus”, “Festus”, “Elize”, “Musa Horeni”,
“Lazar” ýaly Ermeni taryhçylary, Ärşekleriň
(Äşkanylaryň) ýurtlarynyň Hazar deňizine ýakyn we
onuň
gündogarynda
ýerleşyändigini
aç-açan
aýdypdyrlar. Emma Pars ýurdy bolsa “Umman” açyk
deňiziniň ýanynda ýerleşýär. Mesihi ikinji asyrda ýaşap
geçen Grek (Ýunan) taryhçysy “Ţusten” (Ýusten) şeýle
ýazýar:
“Äşkani şalaryň asly Partinli däldiler, Turanly we
gündögarlydylar. Olar Partini ýurduny basyp aldylar we
döwletleriniň merkezine öwürdiler, şonuň üçin hem part
şalary diýen at aldylar. Ol ýurtlaryň “Part” diýip
atlandyrylmagynyň sebäbi bolsa şeýledir: Ärşaklar bu
ýurdy almazdan has öň Iskit kowmynyň gaçyp gelen
bosgunlary şu ýerik gelip ýerleşýärler, part sözi Iskit
dilinde bosgunçy ýa-da ýurtdan sürgün edilenler
diýmekdir. Şonuň üçin bu ýurtlara Part diýilýär.
Diýmek, iskit bosgunçylary öz atlaryny bu ýurda
beripdirler we bu ýurt hem öz adyny Ärşekler (Äşkany)
urugyna beripdir…Partlar ençeme ýyllar goňşy
döwletlere boýun bolup ýaşanlaryndan soň, birinji Ärsas
ýa Äşk (Ärşak) zamanynda olaryň bagty oýanyp, bu
199
ady-sory çykmaýan halk Rim kaýsarlaryna garşy söweş
edip başlaýarlar…
Miladdan (Isanyň dogumyndan, m.) 50 ýyl öň
ýaşap geçen Ýunanly taryhçysy hem jugrafiýaçysy
Strabon şeýle ýazýar:
Iskit urugyndan bolan Ärsas, Parny ady bilen
hem tanalýan we Amyderýanyň boýlarynda ýaşaýan
Daýy
ýa
Dahy
taýpasynyň
kömegi
bilen
“Partiýa”(Parfiýa,m.) aralaşyp ol ýeri alýar. Ol, ilkiler
gaty hor ýşaýardy we öz oglanlary bilen gaty kyn
ýagdaýda özlerini gorap bilýärdiler, olara dowamly
çozýan häkimleriň elinden rahatlyklary ýokdy. Ýuwaşýuwaşdan güýçlenip goňşylaryny ýeňmek bilen birnäçe
ýeňiş gazanýar, galanlary bolsa onuň ölüminden soň
Fyrat we Dijleden Penjaba çenli bolan giňişligi alyp
eýelik edýärler…
Ýene-de bir jugrafiýa alymy ýazýar : “Part
ýurdunyň çägi, gündogarda Hyrat, günortada Kirman,
günbatarda Ajam Iragy, Gürgen we deňiz ýakalary,
demirgazykda bolsa Iskit ýa Site ýa Seksar ýa-da
Türkmen taýpalarynyň ýurdy bolan we Amyderýa çenli
baryp ýetýän giňişlikdir” diýýär. Emma Gadymy
jugrafiýa alymlarynyň “Parti” diyip salgy berýän ýeri,
Hazaryň gündogarynda ýerleşýän bir kiçijik ýurtdyr…
Şol sanda ýene bir ýazyjy Part ýurdunyň çägini,
gündogardan Härirud, günbatar günortadan Gürgen,
demirgazykdan Etek we günortadan hem Turşyza
çenlidir diýýär. Emma Herodotyň aýdyşyna görä, “Part
ýurdunyň” çägi Horezm, Hirat, Gürgen, Amy we
Maryny öz içine alýar. Isgenderiň dünýäni alyp ýören
wagty, partlar şol ýerlerde ýaşaýan ekenler…
Bulardan başga-da 1846dan 49-njy ýyllara çenli,
Darýuşyň emri bilen üç dilde ýazylan “Bistun” daş
ýazgylaryny okamak bile meşgul bolan Iňlisli maýor
200
Rawlinsonyň aýtmagyna görä, şol ýazgylarda Eýrany
Parsa ýa Parsia görnüşinde ýazylypdyr we parth
taýpasynyň adyny bolsa başga ymla (ýazuw şekli) bilen
“Parthwa” görnüşinde ýazypdyrlar. Misýo Laseniň
tarapyndan okalan Tagty Jemşid ýazgylarynda-da,
Eýrany parslar we ol taýpany bolsa, parth we parthwa
görnüşinde ýazylypdyr. Bu alymyň pikirine görä
“parth” ýa “parthwa” bir Turanly söz bolup onuň
manysy bolsa “gaçgak”dyr. Latin taryhçys Ţusteniň
hem edil şeýle pikiriniň barlygyny belläp geçipdik.
Gepiň gysgasy, şu setileriň awtory gaty köp sanly
gadym hem soňky wagtlara degişli awtorlaryň
gürrüňlerini hem kartalryny öwrenenimden soň,
Äşkanlylaryň ýaşan we “Dehistan” hem “Etrek”
jülgesinden ybarat bolan “Parth” ýurdunyň çägini şu
aşakdky ýalydyr diýen netijä geldim: demirgazykgündogardan Etek dagy (Köpetdag, m.), günortadan
“Alburz” dagy … gündogardan Akderbent we
günbatardan hem Teberistana çenlidir.”149
Alym ýokarda gaty köp taryhçylaryň işlerine
esaslanyp aýdanlaryny şeýleräk jemleýär:
“Eşkanlaryň Eýran we Eýranly, Ajam we
Kiýaniler bilen hiç hili baglnşygynyň ýokdygy, kä
lakamlary bolsa diňe özlerini soý we şalaryň urugyndan
görkezjek bolup ulanandyklary ap-açyk belli bolandan
soň, biz olaryň belli derejede soý we ig-baýarlardan
bolandygyny-da ýatladýarys. Ýagny Part kowmyndan
şalyga ýetenleri, iskit taýpalarynyň uly han-beglerinden
bolupdyrlar. Bu pikiriň dogrudygyny bir topar
alymlaryň aýdanlary nygtaýar:
Agyr
bölegi
Türküstanda,
Amyderýanyň
bärisinde, Eýranda we galany bolsa Kaşgar, Hotan we
Hytaýda ýerleşen Iskit ýa Turanly ilat, ýer ýüziniň iň
149
ýene şol. s. 111-116
201
tanymal halklaryndan bolupdyrlar. Bu kowmdan
Eşkanlylar ady bilen tanalýanlar, Syrderýanyň
aňyrsyndaky Turanly taýpalaryň arka durmagy bilen
Makadoniýa goşunlaryny ýeňýärler hem-de Eýran
topraklaryny eýeleýärler. Belki-de olaryň özleriniň gelip
çykyşy-da
şol
Syrderýanyň
aňyrsyndaky
turanlylardandyr. “Tasit”, “Agatanjelus” we “Festus”
ýaly taryhçylaryň ýazmaklaryna görä olar takmynan
600 ýyl Iskit taypalaryna hökümet edipdirler hem
olaryň
uly
han-beglerinden
saýylyp,
Eýrany
alanlaryndan soň, öz ýolbaşçylygyny soňky nesillerine
goýup gidipdirler…”150.
Gürrüňimizi Parfiýa döwletini guran we şu gün
hem takmynan şol gadymky atlary bilen aramyzda
ýaşap ýören Part (Parlar) we Dah (Dý, Daz) taýpalaryň
ata-babalary hakda has anygyrak maglymatlar bilen
yzarlaýarys:
“Günbatar alymlaryň bir näçesi, “Das” ady bilen
tanalýan Turan taýpalarynyň bir uly pudagy gadym
döwürlerde Hytaý we Sibir tarapdan göçüp Danub
derýasynyň boýlarynda gonupdyrlar. Ol ýerden ýene-de
Amyderýanyň boýlaryna baryp ýerleşipdirler. Partlar
ýagny Äşkanlylar şol uly taýpadan çykypdyr. Mejarlar
belki-de Alman we kä beýleki günbatar taýpalary-da
“Das”dan gelip-çykypdyrlar. Dogry üns berenimizde,
Almanlar bilen Mejarlar Äşkanlylar bilen garyndaşlygy
bardyr. Emma Partlaryň Aziýadan Ýewropa gidip, ýene
yzyna öwrülmekleriniň gaty kyn meseledigini-de göz
öňünde tutmalydyrys…“151
„Äşkanlylar taryhynyň esasy gürrüňini geçen
baplarda ýazypdym we Allanyň garaşygy bilen, boş
ýerini goýmadym. Emma şeýle-de bolsa, hem gadym
150
151
ýene şol. s.268
ýene şol. s. 183
202
hem soňky awtorlaryň bu baradaky aýdanlarynyň hiç
biri gözden gaçyrylmasyn diýen maksat bilen olary,
meseläni has aýdyňyrak hem dolyrak görmäge ýardam
eder diýen umyt bilen, tertibine seretmeden
gaýtalaýaryn:
Taryhçylar we etnolog alymlar, partlaryň asly we
gelip çykyşy dogrusynda gürrüňi has uzadyp, şol sanda
şeýle diýýärler: Bu taypa, Turanda oturan Iskit ýa Sit
taýpasynyň bir golydyr. Ýagny olaryň asyl watany
Demirgazyk Aziýadyr we ol ýerden günorta tarap
göçüpdirler, edil Heýatele (Hun), “Uýgur” we “Özbek”
ýaly. Şu günki Türkmenleri Part kowmynyň
galanlarydyr diyip düşünmelidirs. Kiýany patyşasy
Keýhosrowyň iň güýçli döwründe-de Part ýurdy boýun
egmedi we şeýle ýagdaý tä bu patyşalaryň beýik
Isgender tarapyndan dargadylan döwrüne çenli dowam
etdi. Ýagny Kiýany şalary “Partiýany” beýleki
welaýatlar ýaly baş egen ýagdaýda görüp bilmediler…
Başga bir taryhçy aýdýar: “Sakas”, “iskit”,
“Dahy” we Turanly, aslynda hemmesi bir tapýa bolup
aýry-aýry dillerde hem ýurtlarda aýdylşy üýtgäpdir.
“Sakas”, “Iskit”, “Dahy” ýa Turanlylaryň oturan
ýurtlary Kiýanylar döwründe-de, beýik Isgenderiň
ýurdy basyp alan döwründe-de hiç-haçan merkezi
hökümete boýun egmändirler. Makadoniýany ýeňen
Isgender, şol haýbaty hem güýji bilen, diňe partlar
oalryň üstüne çozmadan Türküstana barýan ýollardan
geçip gidip bilseler razy boldy. Kä alymlaryň pikrine
görä Isgender Hindistandan dolanyp yzyna gaýdanda-da
Buluçystanyň geçmesi gaty kyn bolan suwsyz azyksyz
ýolundan Eýrana girýär. Şol kynçylyklara, Partlaryň
golaýyndan geçmejek bolup ten beren bolmagy
ähtimaldyr, sebäbi ol, bu batyr hem edermen halkyň
onuň haýbatyna zeper ýetirer öýdüp gorkan bolmaly…
203
Başga biri aýdýar: Äşkanlylar Türk asylly
bolansoňlar, hökümet etmekde gahar-gazaba meýllidiler
we öz raýatlaryndan diňe bir boýun egmekleri däl-de
eýsem alkyşlanmalaryny-da talap edýärdiler. Din, dil we
däp-dessurlarynda Eýranlylar bilen olaryň arasynda
hiç-hili meňzeşlik bolmansoň, hiç-haçan Eýranly halk
köpçüliginiň tarapyndan kabul edilmändirler.
Ýene birisi aýdýar: Daýy ýa Dahy taýpasy häzirki
Horasanyň bir böleginde ýurt tutup çadyrlarda
ýaşadylar. Hazaryň gündogarynda ýerleşýän ýurduň
ady bolan“Dehistan” sözi, kä birleriniň çen edişiniň
tersine, Dehistan (köp obaly ýurt) bolman eýsem
“Dahystan” ýagny “Dahlaryň ýurdy” diýmekdir. Ol,
wagtyň geçmegi bilen köp aýdylyp “Dehistan” bolupdyr.
Herodot ýazýar: “Keýhosrowa boýun egen
taýpalaryň biri-de Dahy taýpasy bolupdyr.” Bu sözden
we beyleki aýdylyp ýazylanlardan, “Iskit”, “Masaţet”,
“ţet”, “Das” ýa “Daz” we “Dahy” we “Party” hemmesi
bir kowm bolupdyr diýip düşünip bolar. Olaryň dini,
dili we däp-dessurlary bir bolup, “Danub” boýlaryndan
tä Almanyň “Senur”yna we Garadeňizden Kawkaza,
Hazaryň demirgazyk we günbatar kenarlaryna, bütin
Türküstana we Syrderyanyň boýlaryna hatda Kaşgara
we Hytaýa çenli aralyklarda ýaýrap ýurt tutupdyrlar.
Olaryň atlarynyň aýry-aýry görnüşlerde bolmagynyň
sebäbi bolsa, haçan-da bir taýpa beýlekileri ýeňip üstün
çykanda ähli taypalary şol taýpanyň ady bilen
tutulypdyr. Eger-de dogry üns bersek bu taýpalaryň
dogry we doly ady, gündogar taryhçylarynyň ýazyşy
ýaly “Tuaranlylar” ýa Turanly taýpalardyr… 4-nji we
5-nji asyrlardan başlap bu taýpalara “Hun”, “Heýatele”,
“Islaw”, “Tatar”, “Hazar” ýaly atlar beripdirler…
Başga bir awtor aýdýar: Dahy taýpasynyň Aziýa
we Ýewropanyň aralygyndaky giň sähralarda
204
ýaşandyklaryna we olaryň mal-garalarynyň Danub
boýlaryna çenli öri meýdanlary bolandygyna şüphe
ýokdyr. Part taýpasy ýa Äşkanlylar-da hiç şüphesiz şu
taýpadandyr. Ylaýta-da Horosanda oturan we
Äşkanlylara hökümete ýetmekde kömek beren bölegi
“Gur” taýpasyndan bolan we ilkiler Don hem Wolga
boýlarynda oturan “Seljuklar”-da “Dah” taýpasynyň
Äşkanly urugyndandyr. Olaryň gündogara gelip,
Türküstan, Horosan, Eýran we Anadolyda özbaşdak
Seljuklar döwletini gurdular.
Ajamlaryň mukaddes kitaplary bolan we pählewi
dilinde ýazylan “Zänd”, “Awesta” we başgalarda
“Dahy” taýpasyndan köp söz edilýär we olaryň ýurtlary
Hazar deňziniň demirgazyk gündogary hasap edilýär,
emma “Partýa” we “part” hakynda ýekeje söz hem ýok.
Şonuň ýaly-da “Aşur”(Assir) ýazgylarynda-da olardan
at tutulmaýar. Bir awtoryň aýdyşyna görä: Isa
pygammerden bir näçe asyr öň “Dahy” ýa “Daha”
diýilýän iskit taýpasy Hazar deňziniň günortagündogarynda oturypdyrlar we olaryň oturan
ýurtlaryna heniz hem olaryň ady bilen baglylykda
“Dehistan” diyilýär. Bu taýpa şol ýerden Eýrana
aralaşypdyrlar we Garadeňiziň ýakalaryna çenli baryp
ýetipdirler. Ýerli Eýranlylar bilen bularyň arasyndaky
duşmançylyk
olaryň
däp-dessurlarydyr
gylykhäsiýetleriniň bir-birine meňzemeýänliginden belki-de
olaryň yurtlaryna girmeginden ýüze çykandyr…
Doly
suratda
belli
bolan
mesele
şu
aşakdakylardan ybaratdyr: Syrderýa, Amyderýa we
Fyrat (ýefrat) derýalarynyň aralygyndaky ülkeler
köplenç türkleriň eýeliginde bolupdyr. Turanly taýpalar
yzyzgiderli Demrigazyk Aziýanyň alyslaryndan hereket
edip, bu ýurtlary alypdyrlar. Eýranyň ýerli şlarynyň bu
ülkelere hökümet eden döwürleri, birinji gezek
205
Kiýanylar döwri, ikinji gezek bolsa Sasanylar döwridir.
Ondan galan döwürleri, Türkleriň ýeňiş gazanyp höküm
süren asyrlary diýip düşünmelidir…
Ýunanly, Rimli (Rumly), Çinli, Arap we Ajamyň
ähli taryhçylary, iň gadym eýýamlardan bäri iskit ýa
Turanly ady bilen tanalan ütrkleriň Çine, Hinde,
Awropa, Müsüre we başga yurtlara eden çozuşlaryny
ýazypdyrlar. Bu kowm ýagny iskitler ýa Tatarlar
birnäçe tire-taýpalara bölünýärler, emma olaryň asly bir
jynsdan bolansoň, däp-dessurlary, edim-gylymlary we
gylyk-häsiýetleri deň ýa-da bir-birine gaty ýakyndyr.
Olardan “Ţet”, “Get”, “Siyusi”, “Ýet”, “Çet”, “Jat”,
“Dahy” ýa “Daýy”, “Part”, ýa”Bart” ýaly taýpalary at
çekmek bolar…”152
Hormatly okyjylar! Ýokarda görşümiz ýaly
Parfiýa döwründe ýaşan alymlaryñ tarapyndan
galdyrylan, we ýa olaryň işlerine esaslanmak bilen
ýazylan ähli dokumentlere görä, beyik Parfiýa döwletini
gurup bäş ýüz ýyl dowam etdiren halk, biziň göni atababalarymyz ýagny şu gün hem aramyzda ýaşap ýören
“Par”, “Daz”, Sakaw, Sakar ýaly taýpalarynyň
aňyrsydyr. Sebäbi ýokarda görşümiz ýaly bu taýpalaryň
şol gadymy atlarynyň biri “Part” ýa “Parn” , beýlekisi
bolsa “Dah” ýa “Daý” bolupdyr. “Par-t” we “Par-n”
sözleriniň soňundaky “-t” we “-n” harplaryň ikisi-de
ýokarda-da belläp geçişimiz ýaly, gadymy Türki diliň
köpligi aňlatýan (-at, -it, -yt, -an, -in, -yn) goşulmalary
bolup153, iki görnüşi-de “Par-lar” diýmekdir. “Dah” we
“Daý” sözleriň-de “Daz” bilen bir sözligini alymlaryň
birnäçesi nygtapdy, şonsuz hem olaryň aslynda bir
152
ýene şol. s.300-306
Serst: K. Grönbech „Türkçenin Yapisi“ Ankara-1995, s. 51,58,59 we
Talat Tekin „Orhon Yzytlary” Istanbul-2003, s. 102,107 we S.
Atanýazow “Şejere” Aşgabat-1994, s. 143-144
153
206
sözligini duýmak kyn zat dälmikä diýýärin. Şü günki
Türkmensähradaky, ululy-kiçili 12 obadan ybarat “Daz
iliniň” hem şol gadymy Dehistanyň (hakykatda
Dahystan ýa Dazystanyň) edil birnäçe on kilometir
günortasynda ýerleýändigi-de örän gyzyklydyr. Balkan
welaýetinde ýerleşýän gadymy Dehistanyñ töweregindede başga tireler bilen birlikde Dazlar-da ýaşaýar. Bu iki
taýpa öz nobatynda iňňän uly taýpalar birleşigi bolan
Saklaryň (Iskitleriň) häkim toparyny düzüpdirler. Bu
ugurda ýene-de gaty kän faktlar getirmeklik kyn däl,
ýöne meseläni gaýtalap oturman, bu bölümi, iň täzeräk
ýazylan işleriň käbirine salgylanmak bilen aýaklaýarys.
Günbatar taryhçysy R. Girşmän şeýle ýazýar:
“Biz özümiziň Partlaryň gelip-çykyşy hakyndaky
elimizde bar bolan gaty az maglumatlar bilen, olaryň
“Daha” iliniň (kowmynyň) bir taýpasy bolan
“Parni”lere degişli bolandygyny kabul edip bileris.
Dahalar, “Sak” taýpalar birleşiginiň bir bölegi bolup,
Hazar deňizi bilen Aral gölüniň aralygynda ýaşapdyrlar.
Bu kowm, atlylar we beýleki söweşijilerden ybarat
bolup, gadym ýazyjylaryň aýtmaklaryna görä, uruş
meýdanynda ölmegi özlerine uly bagt hasap edipdirler
we tebigy ölümi bolsa gabahat hem utanç bilipdirler.
Alymlaryň pikrine görä, iki dogan “Ärşak” (Arsace) we
“Tiridat” (Tiridate) öz söweşijileri bilen, başga-da bäş
sany baştutany bilen birlikde, ýokary Tejen
töwereklerini alypdyrlar. Balhyň patyşasy olara hüjüm
edipdir, emma olar bu howpdan gaçyp goňşy ýurtlara
giripdirler we ol ýeriň şasyny öldüripdirler. Iki ýyl soň
Ärşak urşda ölýär, emma yzygiderli söweş ýagdaýynda
bolan Partlar, Tiridatyň ýolbaşçylygynda, häzirki
Hazar-aňyrsy, Eýran we Orsýet çäkleriniň aralygyny öz
içine alýan bütin regýonlary eyeleýärler. Tiridat şol
daglarda özüniň ilkinji paýtagtyny dikeldýär. Ol,
207
bürgüdiň ketegi ýaly berk hem el-ýetmezdi. Az soňra
bolsa ýene bir şäher gurup oňa bolsa urugbaşy
“Ärşak”yň (Asaak, Arsak, Assak görnüşlerinde-de
ýazylypdyr) adyny dakýarlar hem-de “Tiridat” ol ýerde
şalyk täjini başyna geýýär…
“Parn”laryň bu aralaşmagyny, uly Sak illeriniň
bütin Eýrany agtar-düňder etmek maksady bilen başlan
ilkinji aýaga galmalary diýip hasap etmek bolar. Bu
hereket Ýunanlylaryň Balhdaky häkimiyetine soň
berýär.
Ärşak, Ýüz-derweze (Hecatompylos), Hegmetana
[häzirki Hemedan. Kä Azerbeýjan alymlary onuň
gadym adyny Ak-batan hasap edýärler, B. Gerey] we
Tisfun, bu çarwa halkyň dört ösüş etabynyň dört
paýtagtydyr. Bu halk iň ösen we şäherli bolan
döwründe-de
özleriniň
milli
däp-dessurlaryny
154
saklapdyrlar…”
“Merkezi Aziýa çarwalarynyň takmynan b. e. oz.
123-nji ýyldaky çozuşy, Balhdaky Ýunan hökümetini
süpürip taşlaýar. Amyderýanyň gündogar jülgeleri,
birleşen iki taýpanyň eline geçýär: Sakarukaye
(Sacarauques)
günbatarda,
Ýuweçi
(Yueh-chi)
gündogarda…”155
“Bu ýurtda ýaşaýan Eýranly kowmlar, içerki
işlerinde Partlara gaty ätiýaçlylygyny saklapdyrlar,
belki-de olar başdan bu şalara we olaryň
töweregindäkilere garşy duşmançylyk edip gelendirler.
Partlaryň birnäçesi, kynçylyklara gabat gelen
pursatlarynda Pars ýa Maddan haraý gözlemegiň ýerine
özleriniň
Hazaryň
gündogarynda
ýerleşýän
sähralardaky garyndaşlaryna ýüz tutýardylar. Bu
kwomlaryň Part urugy bilen gatnaşyklary hiç-haçan
154
155
R. Ghirshman, “Iran äz agaz ta islam” Tehran-1972 (1350)
ýene şol. s. 293
208
kesilmeýär. Belki-de şonuň üçindir, gündogar
taryhçylary
ylaýta-da
Ermeni
ýazgylarynda
“Kuşanlary”-da Partlara degişli görkezýärler…”156
S. Atanýazowyň ýokarda ady geçen ;Şejere;
kitbynda Parlar hakda şeýle mglumat bar:
“Ärsarylaryň çekiç urugynyň we Gyzylarbat
raýonynda ýaşaýan Tekeleriň düzüminde parlar diýen
tireler bar. Bu etnonimleriň ýüze çykyşy barada
alymlaryň arasynda iki çaklama bar. Olaryň birinjisine
görä, Parlar gadymy Parnlar diýen halkyň
galyndysydyr. Parnlar gadymy Dahlaryň bir taýpasy
bolup, olar orta asyrlarda hut Gyzylarbat etraplarynda
ýaşapdyrlar. Biziň eramyzdan öňki III asyrda Parnlaryň
Tejen töwereklerinde göçüp-gonandyklary barada-da
maglumat bar. Gyzylarbadyň ýer-ýurt atlarynda
Parnlaryň galdyran yzlary şu wagta çenli saklanýar.
Meselem, bu etrapyň orta asyrlardaky Ferawa (Paraw) ,
şu ýerdäki dagyň Partaw, Paraw obasyndaky gadymy
mawzeleýiň Parawbibi , Gyzylarbat gumundaky Par
diýen guýynyň atlarynda, Par diyen etnonime duş
gelýäris. Şu raýonyň Parnuwar obasynyň ady hem
aslynda Parnwart bolup, ol “Parlaryň galasy” diýen
manyny aňladypdyr. Bu adyň Parn böleginiň yzyndaky
–n, ähtimal, köplük goşulmasy bolmaga çemeli…
Par sözüniň gelip çykyşy baradky ikinji
çaklamanyň
tarapdary
garagalpak
alymy
D.
Aýtmuratow bolup, ol bu sözi gadymy Awar/war diýen
halkyň adyna syrykdyryar we onuň manysyny
“depesinde gulpak goýýanlar” diýip düsündirýär…
Sözümiziň ahyrynda, Par-Parn diýen gadymy
etnonimiň Nohurlylaryn Parraş, Alilileriň Parhaýly
tireleriniň atlarynda-da duş gelýändigini belleýäris.”157
156
157
ýene şol. s. 311
S. Atanýazow-Şejere-s. 183-4
209
Alym kitabynyň “DAZ” taýpasyna degişli
bölüminde şeýle yazýar:
“Ýomut, Salyr, Teke taýpalarynyň düzüminde,
şeyle-de Nurata türkmenlerinde Dazlar, yomutlarda
Daz-Badrak diýen urug-tireler bolup, olaryň ady iňňän
gadymy türki Daz, Taz diyen taýpa bilen
baglanyşyklydyr. Başgyrt alymy R. G. Kuzeew Özbek,
Gypjak, Gyrgyz, Gazak, Başgyrt, Nogaý ýaly, ençeme
türki halklaryň we taýpalaryň düzüminde bar bolan
Taz, Daz diýen uruglaryň gadymy türki eýýämde SaýanAltaý daglarynyň eteginde uly taýpa hökmünde ýüze
çykyp, soňra dürli türki halklaryň düzümine girendigini
ýazýar.
Käbir alymlar Daz sözüniň häzirki “kel”
manysyndan ugur alyp, ony taýpabaşynyň lakamy hasap
edyärler. Bu pikir ynançly däl, ýöne adyň hakyky
manysy barada elimizde häzirlikçe başga tutaryk
ýok.”158
Alym soň DAH, DAÝ ady şeýle düşündirýär:
“Türkmenleriň iňňän gadymy ata-babalarynyň
biri bolan Dahlar “Saklaryň” bir bölegi bolup, biziň
eramyzdan öňky II. müňýyllykdan tä arap
basybalyjylaryna çenli (VII asyr) uly halk bolup, ol
Hazar deňziniň kenarlarynda, Gyzyletrek, Gyzylarbat
we Nebitdag etraplarynda ýaşapdyr. Bu halkyň gadymy
paýtagtynyň galyndylary Dahystan (Dehistan, ýagny
“dahlaryň ýurdy”) diýen at bilen Gyzyletrek raýonynyň
töwereginde häli-häzire çenli saklanýar.
Dähli, Däli diýen at bilen bu halkyň ululy-kiçili
bölekleri ençeme türkmen taýpalaryň arasyna giripdir
(Günbatar Garagumdaky Dähli diýen guýynyň ady hem
dahlar bilen baglanyşyklydyr). Garagalpak alymy
Daulen Aýtmuratow Dah diýen etnik ady Sak
158
ýene şol. s. 133-4
210
etnonimine syrykdyrýar we ony “kekilli”, “gulpakly”,
“depesinde
örülen
saç
goýýanlar”
diyip
düşündirýär.”(ýene şol)
Günbatar alymy Ser Persi Saýks şeýle ýazýar:
“Äşkanly (Ärşaklar, m.) urugynyň gelip çykyşyny
doly anyklamak bolmaýar, sebäbi, Rum (Rim) we Grek
taryhçylarynyň bu barada aýdanlary örän gapmagarşydyr, emma şeýle-de bolsa belli bolan zat olaryň
ýerli halk bolman [bu ýerde Eýran hakda gürrüň gidýär,
m.] eýsem, daşary ýurtlardan gelendikleridir…
Bu
gelmişekler
demirgazykdaky
Turanly
taýpalardan bolan we sähralarda ýaşaýan “Dahe”
taýpalaryna degişli “Party” atly taýpadyr. Olaryň ýurdy
Hazar Deňziniň gündogaryndaky häzirki Ýomut
türkmenleriniň oturan yurtlary bolupdyr. Olar Arbil
meýdanynda goşunyň sol golunda söweşipdirler. Ahalda,
Etrek derýasynyň demirgazygynda milady üçünji
asyrda, hatda ondan hem has öňler, Dehistan adynda bir
regýon bolup, onda şol at bilen hem bir şäher ýerleşýän
eken. Eýranlylaryň aýtmagyna görä bu şäheriň gurujysy
epiki döwürlerde ýaşan Keýgubad atly bir pälwan
bolupdyr. Ol ýerler heniz hem “Dehistan” diýlip
atlandyrylýar. Üstesine-de, men şu meseleleri yzarlap
ýören wagtym, ýomutlaryň ;Daz; taýpasynyň arasynda,
olaryň aňyrsy şalar urugyndan bolandygy hakynda
rowaýat barlygyny bildim. Şonuň üçin hem ýomutlar
olary gaty sylap özleriniň ig-bayarlary hasap edýärler.
Men bu atlaryň “Dahe” sözünden gelip çykandygyny
bilýärin we bu barada mundan köp sözlemek
islemeýärin…”159
Meniň özüm hem (B. Gereý) 1957-nji yylyň tomus
tätilçiliginde, ;Daz; iliniň Küýzeli obasynda bir aý çemesi
klasdaşymyň kakasy bolan “Köşşi hajy” atly ýaşulynyň
159
Ser Persi Sayks… s.411-412
211
öýünde myhmançylykda bolan wagtym, edil ýokarda
ady geçen alymyň aýdyşy ýaly, adamlar özara
gürrüňlerinde, “biziň aňrymyz uly şalardan bolupdyr”
diýip magtanardylar. Olaryň (hem-de Gojuk laryň we
Agatabaýlaryň) arasynda Köşşi, Ärşek, Alan, Ärşi, Orşy,
Süren ýaly, meniň üçin deliräk bolan atlar-da bardy.
Men ol wagtlar bu zatlaryň gaty uly taryhy ähmiýetiniň
barlygyny bilmesem-de, özüme geňiräk bolansoň
hakydamda galan bolmaly, sebäbi şol wagtlar, soňsoňlar hem “Dazlaryň aňyrsy haýsy şalara ýetýärkä?”
diýen sorag, hakydamda ýaşaýardy. Indi görüp otursak
olaryň hem-de “Parlaryň” aňyrsy şol gadymy Part
(Parfiýa) şalarynyñ urugyndan gaýdypdyr.
Gürrüňimizi 1993-nji ýylda Türkiýäniň Akdeniz
Uniwersitesiniň tarapyndan geçirilen sempozýumda
çykyş eden prf. Dr. M. Fahrettin Kyrzyoglunyň
“Türküstan we Anadolyda Teke Türkmenleri” atly
makalasynyň biziň temamyza degişli bölümi bilen
aýaklaýaryn:
„B. e. oz. 256 ýylynda, Makedonýaly Isgenderiň
yzlaryndan bolan we Bakteriya (Horasana), Eýrana we
Anadola-da höküm ýöreden Selewkoslylara garşy ilkinji
gezek aýaga galyp garaşsyzlyk baýdagyny galdyran
Teke Türkmenleriň ata-babalary bolupdy (Ýunan
dilinde ;j, ç, ş; ýaly diş sesleriň bolmandygy hem
unudulmasyn). Bu ýerdäki [gürrüň Türkmenistan
hakynda gidýär, B. G.]. Iskit (Sak) taypalaryndan bolan
“Daha” (Taka/Teke)leriň “Aparn”(Parn) urugyndan
“Arsakes” (Arşak), milli göreşde ýeňiş gazanyp,
b.e.o.250-nji ýyl Selewkoslylary öz ülkesinden çykrmak
bilen garaşsyzlyk gazandy. Özi, söweşleriň birinde
ölenden soň ýerine geçen (II. Arşak lakamyny alan)
dogany Tiridat Hyrkan (Gürgen) ülkesini hem alandan
soň häzirki Astrabat şäheriniň jaýynda ýerleşen
212
Zadrakartaýany paýtagt edinip, “Partlylar”-da diýilen
döwleti gurdy. B.e.o. 247-nji ýylyň 14-nji April
gününden başlanýan “Partly”(Arşakly) takwymy
(Kalendary),
soňlar
Mezopopamýa
ülkesinde-de
ulanylýar.
(III.Arşak) Artaban (b.e.oz. 214-196), Selewkosly
II. Anitokusy ýeňenden soň Ekbatan*(Hemedan)y
paytagt edindi.
(V. Arşak) Mitradat (174-136)
Demirgazyk-Hind
(bu
günki
Pakistan)
bile
Mezopotamýa we Kawkazlara baryp, Fyrat derýasynyň
solundaky ülkeleri alandan soň, “Şalaryň şasy” diýen
lakamy gazandy. Anadolyda Selewkoslylary ýeňmek
bilen Fyrat derýasyna baryp ýeten we Romalylaryň
ýeketäk bäsdeşi bolan “Arşakly Partlylar Türkmen
döwleti”, (XII. Arşak) “Oredes”(56-47) döwründe, b.e.o.
53-nji ýylyň Maý aýynda, Krasusyň goşunyny Urfanyň
golaýyndaky Karha (Haran)da ýeňdi …
(XIV. Arşak) I. Wologes (b.e.soñky. 51-75)
hökümetiniň ilkinji ýylynda Romalylary (Rimlileri)
yeňip, Armeniýa merkezi ”Artaksata” tahtyna dogany
Tiridaty oturtdy hem-de onuň şalygyny Rimlilere ykrar
etdirdi. Şeýlelik bilen Arşakly/Part döwleti, parsly Sasan
ogly I.Ardeşiriň (b.e.s. 226-241) iň soňky Part şasy V.
Artabany ýeňip gyşlak paýtagt bolan Bagdadyň
ýakynyndaky Tisfuna girmegi bilen synýar we soňlaýar.
“Umumy Türk Taryhymyzyň” iň uly bilermeni merhum
ussadymyz Ord. Prof. Dr. Ahmed Zeki Welidi Togan,
Arşak/Part döwletiniň gurulyşy we urugynyň köki
dogrusynda şeýle maglumatlar berýär (Grek-Bakterian
döwletinden soňra):
“Ýakyn-gündogar hem Eýranda häkimiýet, gelipçykyşy boýunça bir Iskit tiresi bolan Arsaklylaryň
(b.e.oz.250-b.e.soñ.226) eline geçipdi. Bu şalyk urugyň
gurujysy Arsak, şol döwürde Ogurjaň golaýynda Hazar
213
deñizine guýandyğy bilinen Amyderýanyň Sarygamyş
gölüniň aşak bakasynda, ýagny häzirki Aday/Adagy
taýpasynyň oturan ýerlerinde ýaşan, Göçme hem maldar
Dahe ýahut Dae kowmynyň Aparn ýahut Parn belki-de
Baran tiresinden gelip-çykypdyr…
Parn ýa Aparn ady ýaly, bu Daheleriň-da
STRABON (XI, II / 2,8)da ýatlap geçilen Ksanti we
Bissurlar ýaly taýpalaryň atlary ýaly, bize taryhda belli
bolan türk taýpalaryň atlary bilen gabat getirmek
mümkindir…
Arsak sözüne gelenimizde bolsa, Ýunan we Latin
dillerinde ;j, ç, ş; ýaly diş sesleriň bolmandygy üçin,
;Arsak; görnüşinde ýazylan lakamyň asly, Kartul
(Gürji), Sürýani (Syrýaj) we Graban (öli klisa
ermeniçesi) tekstlerinde ýazylyşy ýaly “Arşak”dyr. Bu
gün diňe Grigorýan-Hay ermeni taýpasynda erkek ady
hökmünde ulanylýan ;Wardan/Wartan; ady ýaly
“Arşak”-da, Türkmen-Partly / Arşaklylardan galmadyr
(“A Survey of Persian Art”,Valume I Text, London. New
York 1938,XX ”IV. Partian Art” bölümi, s. 480-490).
Gadym türkçede “Arşak/Erşek”: Bars bile Aýy
gatyşygyndan emele gelen bir ýyrtyjynyň adydyr. 1280nji yylda Azerbeýjanyň Töwriz şäherinde ýazylan
“Ajaýebul-Mahlukat” atly kitapda: “Kaçan kim Bars ile
Aýy karylsa, ikisinden bir ajayyb Janawar(hatda pili
öldürýän ýyrtyjy) dogar ki, ana Erşek(Ärşek) derler”
(“XIII. Asyrdan Günümüze Kadar Kitablardan
Toplanmyş Tanyklaryla TARAMA Sözlügü I” Istanbul
1943, TDK Ýaýyny, s. 247).
Hunlaryň hökümdarlaryna “Evren” (Ajdarha),
Ýabgulary-da “Büke” (Böke=Ajdarha AŞGALY M.
III,227), Musulman Garahanlylaryň “Arslan” we
“Bugra” ýaly örän güýçli haýwanlaryň atlaryny lakam
hökmünde ulanylşy ýaly; Daha Türkmenleri-de
214
özleriniň 36 hökümdarlary üçin “Arşak” ady lakam
hökmünde ulanypdyrlar, Ýunan dilinde basylan
zikkeleriň ýüzünde-de tegelek sakally portretleriň
ýanyna
“Arsakoy”
diýip
ýazylypdyr.
(“Kapçaklar”,s.211, 216)…
“Gadymy
Dahalary
Türkmenleriň
Teke
taýpasynyň ady bilen baglanyşdyran (1850de Parisde)
VIVIEN
DE
SAINT-MARTINE
we
(1938de
Moskowada) S.P. TOLSTOWyň pikirleri, örän dogry
bolup biljek düşünjedir. Çünki Teke ady Göroglynyň
Azerbeýjan wariantynda Taka (Türkmeni) görnüşinde
geçýär. HERODOT (I,125) “DAHOI”leri, şonuň ýaly
hem Margiana / Maryda diýip agzalan MARDI we
DROPIKler ýaly göçme çopan diýip suratlandyrýar.
“AMMIANUS (XXII,8) bolsa, DAHAlary Pontosda
Kolhlara ýakyn ýaşaýan BIZAR we (Ispide ady
geçýän/M.F.K.) SAPER, ýagny BIZAL we SABIR
diýilen we soňlar HAZARlaryň arasynda görülen iki
taýpa bilen bilelikde agzap geçilipdir.TACITUS
(Annales,XI,10)de, Sind diýip atlandyrylan Gugan we
günortasyndaky taýpalary, Arýeniň demirgazygyndaky
DAHAlary Arýany bolmadyk taýpalar hökmünde
agzalypdyr. Hind çeşmesi RIGWEDA-da Dahalary,
Dasa we Derbika adynyň aşagynda agzalypdyr.“160
160
Fahrettin KIRIZLIOGLU, Akdeniz Üniversitesi, Antalya-1993.
Sempoziyum makalalary, s. 115-131
215
VIII- „Nusaŷdan tapylan ŷazuwlar“
(Partlaryň kimligine ŷene bir subutnama)
Nusaŷdan tapylan küŷze döwükleriniň ŷüzünäki
ŷazuwlaryň teksti tanymal alymlaryň çeken 53 ŷyllyk
zähmetlriniň netijesinde 2001-nji ŷylda Londonda
çaptan çykdy. Hakykatda bu gymmatli eser, Aşgabadyň
Ylymlar Akedemiŷasynyň kitaphanasynda saklanŷan
nusganyň has dolurak görnüşi bolmaly. Biz güŷjümiziň
çatdygyça
bu
eseriň
transkripsiŷasyny,
transliterasŷasyny hem-de terjimesini dykgat bilen
gözden geçirmek netijesinde edinen maglumatlarymyzy
hem-de bu baradaky düşünjelerimizi, ŷokarda
aŷdylanlara ýene bir subutnama hökmünde, aşakdaky
bölümçeler esasynda
okyjylarymyzyň
dikgatyna
hödürleŷäris:
1- Tekstleriň düşündiriş bölüminiň gysgarak
terjimesi:
„1948-nji ŷyldan başlap Günorta Türkmrnistan
Ekspeditsiŷasy prof. M. E. Massonyň ŷolbaşçylygynda
gazuw işlerini Nusaŷda geçirip başladylar. Netijede köp
sanly ŷüzi ŷazuwly küŷze gaplaryň böleklerine gabat
geldiler. Ŷazuw, küŷzeleriň ŷüzüne gara siŷa bilen
ŷazylypdyr. Şol wagtlar arheologlar bu ŷazuwlaryň
Arami ŷazuwlaryna gabat gelŷndigini öňe sürdiler.
Soňraky barlaglar ony „Part ŷazuwy“ diŷip
atlandyrmaga mümkinçilik döretdi…
Nusaŷyň şol döwürdäki (b. e. oz. birinji ŷüzŷyl)
ady „mtrdtkrt“ (Mihirdatkrit) bolupdyr*161.
161
*: „MTRDTKRT“ goşma sözüniň birinji sözi „MTRDT“
Türkmenlerde iň ŷörgünli at hökmünde saklanyp gelen „Myrat“ sözüniň
gadymy görnüşi bolmagy ähtimaldyr. Sebäbi Alymlaryň „Mitirdat“
216
M. E. Masson bu ŷazuwlaryň kopiŷasyny öňki
Şuwrewiniň birnäçe gündogary öwrenijilerine iberdi,
emma olardan diňe M. M. Diakonow bu ŷazuwyň syryny
açmak işine girişdi… Ol birnäçe alamatlaryň syryny
açyp okamagy başardy. Tekstde belli bir Eŷran diline
degişli söz tapmady. Ol öz semitist dogany I. M.
Diakonowy bu işe goşulmaga çagyrdy we soňrak bolsa,
tekstdäki birnäçe sözleriň formasy we daş görnüşi
Arami diliň sözlerine gabat gelŷändigi dogrusyndaky
düşünjäni esaslandyrdy: (ZNH ;bu; , HN‟LT ;ödemek; ,
ŠNT ;ŷyl; , QRY ;çagyrdy; , KRM‟ ;sirke; , HYTY
;getirdi; we ‟L, MN, B ŷaly predloglar). Şol bir wagtyň
özünde-de ol, Arami gözgaraŷyşdan, köp ŷerlerde bu
ŷauwyň elipbiŷi düzgün-kadadan çykŷandygyny, kä
sözleriň Eŷran diline degişlidigini, şonuň ŷaly hem
tekstiň Eŷran wariŷantynda ŷazylan bolmak ahtimanyda göz öňünde tutmalydygyny belläp geçŷär. Soň Eŷran
diliniň linguisti (dilçisi) V. A. Livshit hem bu ŷedi sany
küŷze bölegindäki ŷazuwyň syryny açmak üçin, üçünji
agza hökmünde topara alyndy. Ol, bu ŷazuwyň sintaktis
jähätini,
has anygy fnotika aŷratynlyklaryny göz
öňünde tutmak bilen, onuň iň dogry ady „Part
ŷazuwydyr“ diŷen karara geldi.
Bu
ŷazuwyň
ilkinji
we
iň
ähmiŷetli
transliterasŷasy (ŷazuwyň elipbiŷini kesgitläp başga bir
şeklinde okan sözi Ärsaklaryň Aşgabatda tahta oturan ilkinji şasynyň
adydyr. Hut şonuň üçin hem Türkmenlerde saklanyp galmagy-da örän
tebigy hadysadyr. Bu adyň ikinji bölümi KRT bolsa „Kert“ bolmaly,
sebäbi Nusaŷ Köpet dagyň etegindäki kertde ŷerleşŷär. Netijede bu ady
häzirki zaman Türkmen diline uŷgunlykda „Myratkert“ ŷazylsa has
dogry bolar diŷip düşünŷärin. Görşümüz ŷaly alymlar hem öz
garaŷyşlaryna we ene dilleriniň aŷratynlyklaryna uŷgunlykda bu söze
(we beŷleki sözlere-de) dürli Çekimli harplar artdyrmak hem-de
çekimsiz harplary üŷtgetmek arkaly dürli görnüşlerde ŷazŷarlar. B.
Gereŷ
217
ŷazuwyň harplary bilen garşylaşdyryp görkezmek) we
düşündirişlerini, bu küŷze bölekleriň kopileri bilen
birlikde 1951-nji ŷylda çapdan çykaryldy. Bu neşir,
ŷazuwyň haŷsy dile degişlidigi hakynda örän uzak hem
gazaply jedellere ŷol açdy (Partçamy ŷa Aramiçamy?).
Bu öwreniji toparyň agzalary wagtlaŷynça
özleriniň resmi işlerini goŷup, bar ünslerini elŷeterde
bolan şol küŷze böleklerine gönükdirdiler. Emma 1951nji ŷyldan başlap Köne Nusaŷdan tapylan köp sanly
Part ŷazuwly küŷze bölekleri getirildi. Awtorlar M. E.
Massonyň ekspeditsiŷalaryndan toplanan bölekleriň
okalmagy hem neşir edilmegi baradaky geňeşlere
gatnaşmagy özlerine wezipe edindiler. 1951-nji ŷyl
töweregi, ŷazuw ŷadygärliklriň sany150den geçipdi…
Hem 1948 de tapylan hem-de 1951-nji ŷylda Köne
Nusaŷda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde çakyr
ammaryndan tapylan küŷze bölekleriň iki toparynda-da
seneler Ärsaklaryň ŷyl hasaby esasynda ŷazylypdyr, olar
b. e. oz. birinji ŷüzŷyla degişlidir. Ärsaklar hasaby b. e.
oz, 247-njy ŷyldan başlaŷar. Meselem b. e. oz. ŷüzünji
ŷyl, Ärsaklar hasaby bilen 147-nji ŷyl bolŷar…
M.
M.
Diakonowyň
bimahal
aradan
çykmagyndan soň, bu ŷadygärlikleriň (Küŷze
bölekleriniň) düzgün-tertibe salyp neşire taŷynlamak
işleri I. M. Diakonow bilen V. A. Livshits dowam
etdirdiler. Köne Nusaŷdan tapylan ŷazuwly küŷze
bölekleri Leningrada getirilip gadymy miraslar jaŷynyň
gündogar bölümine ŷerleşdirildi.
Nusaŷ tapyndylary belli düzgün-tertip bilen
arhiwe ŷerleşdirilmeden, gelşi ŷaly jaŷyň ikinji gatynda
goŷuldy. Bu dokumentler aslynda diňe, doly düzgüntertibe girmedik edaranyň ammaryndan (Madustan)
çykan bozuk sahypalardan ybaratdy. Olaryň aglaba
köpüsiniň mazmunyndan çykŷan netije-de edil şonuň
218
ŷalydy, ŷagny olar bar bolan çakyr hem sirke
humlarynyň dokumenti hem-de şol harytlaryň ammara
gowşandygyny ŷönekeŷje hasaba alynmakda ulanylan
dokumentlerden ybaratdy. Bu harytlar belli obalardan,
üzüm meŷdanlaryndan hem-de belli şahslaryň
tarapyndan iberilip, olaryň atlaryna hasaba alynypdyr.
Nusaŷ tekstleriniň ŷüzde togsan götüriminde (%90)
gaŷtalanylŷan ap-açyk formul, alymlaryň ylaŷta-da
Vinikowyň 1954-nji ŷylda açyklamasyna görä şu
aşakdakydan ybaratdy: BHWT‟ ZNH (ŷa BHWMTH
ZNH) ,in this jar, ŷagny ;Bu humda; …
Tekstlerde belli bir hat formasynda iň köp
gaŷtalanŷan mesele: ;bu humda köne çakyr;, ;bu humda
täze çakyr;, ;bu humda sirke; ŷaly sözlemlerden
ybaratdyr. Beŷleki bir topar bölekler bolsa, örän
ŷönekeŷje
görnüşde
hasaba
alyş
(registrasŷa)
dokumentler topry bolup, olarda dowamly: gelip
gowuşŷan çakyr ŷa sirke humlary, olaryň gowuşan
taryhy, küŷzelerdäki çakyr ŷa sirkeleriň uly humlara
guŷulmagy we humlaryň ammara ŷerleşdirilmegi
hakynda söz edilŷär…
Biz 1960-njy ŷylda, 1951-55-nji ŷyllar aralygynda
Köne Nusaŷdan tapylan dokumentleriň inskripsiŷasy
(mazmuny) esasynda iki eser (DN; DL 1960) çapdan
çykardyk. Gynansak-da tekniki ŷagdaŷyň ŷaramazlygy
zerarly şol çapda diňe az sanly fotograf hem-de el
kopysyny ŷerleşdirmeklik mümkin boldy. Bu işleriň
neşir edilmegi, Nusaŷ tekstleriniň dili hakyndaky ylmy
çekişmeleri giňden herekete geçirdi…
Köne Nusaŷdan 1956 ylaŷta-da 1952-61
aralygynda toplanan küŷze böleklerini, az soňra
Leningrada getirilmegi bilen tekstleriň sany 2,746a
baryp ŷetdi, aŷratyn hem 1959-61-nji ŷyllarda
tapylanlar has üns çekijidi…
219
Nusaŷdan getirilen ŷazuwly küŷze bölekleriniň
barysy toplanyp taŷyn bolandan soň täze nomurlar bilen
olar barada; taryhy, listedäki ŷeri we tipi, hem-de
inskripsiŷalaryň mazmuny esasynda düşündirişler
berildi. Şeŷle nomurlandyrmak usuly hemme ŷerde;
dokumentleriň ŷerleri we jiltleriň tekstleri hakynda-da
ulanyldy, köne nomurlar bolsa goşa ŷaŷyň içinde berildi.
1974 den öň neşir edilen dokumentler, tekstiň içinde uly
ŷyldyz (*) belgisi bilen alamatlandyryldy…
Biz öz neşrimiziň sahypalarynda (platalarda)
Köne Nusaŷa degişli takmynan 1,500 tekstiň fotografyny
(doly ŷa bölekleŷin) ŷerleşdirdik. Bu fotograflar, häzirki
sany 2,751e ŷeten tekstleriň arasyndan saŷlanyp alyndy,
alty sany hum-da täze nusaŷdan bar…
Okyjylarymyz tekstleriň mazmuny bilen tanyş
bolan wagtlary, fotograflarda garşylaşdyrar ŷaly hiç hili
yzy bolmadyk kä bir harplara gabat gelenlerinde örän
geň galarlar. bu meseläni şeŷle düşündirilŷär:
Takmynan 3,000 teksti okandan soň göz türgünleşip,
fotografyň suratlandyryp bilmeŷän käbir alamatlaryň
yzyny saŷgarmak ukybyna eŷe bolŷar…
Her tekstde iki aŷry san bar: birinji san tekstiň
jiltlerdäki tertibini aňladŷar, ikinji san bolsa işlenen
dokumentleriň öňki sany bolup, olar küŷze bölekleriniň
Leningrada getirilende hasaba alynan sanlardyr. Diňe
birinji sanlar ŷagny tekst nomurlary kitabyň
sahypalaryndaky fotogrflaryň ŷanynda görünŷär, emma
öňki işlenen nomurlar-da (ŷaŷ içinde) sahypalaryň
listesinde berilŷär.“162
162
Parthian Economic Dokuments from Nisa, Txts I-V, By I. M.
Diakonoff and V. A. Livshits Edited bay D. N. MacKenzie, A. N. Baden
and N. Sims-Williams. LONDON-1977-2001, s. 1-3
220
2-
Eseriň Sözlügüniň düşündiriş girişi:
„ Bu sözlük şu güne çenli neşir edilen sözleriň
ählisini, şol sanda iň azyndan iki harpy bozulman galan
üzlem-saplam sözleri-de öz içine alŷar. Birinji harpy
bozulyp ŷiten sözleriň listesi-de sözlügüň soňunda
berilŷär.
Dokumentiň tertip sany, goşa nokat bilen setir
sanlaryndan aŷrylmak arkaly belli bolŷar. Eger-de
dokument ŷeke setirden ybarat bolsa, diňe dokument
sany berilŷär (setir sany ŷok). Birinji harpy doly bozulan
tekstler; x+1, x+2 şeklinde görkezilŷär, sözlükde bolsa 1,
2, … şeklinde sadalaşdyrylŷar. Şonuň ŷaly-da sözlükde
setirleri
ŷyldyzjyklar
artdyrmak
arkaly
alamatlandyrmak hem galdyrylŷar. Bozulyp gysgalan
(abbreviation) sözler, setir hem dokument sanlary bilen
birlikde `previous`tekst (bir bölegi bozulan, ŷuwulan,
w.ş.m.) görnüşinde berilŷär. Şeŷle tekstler getirilende,
köplenç ŷagdaŷda sahypanyň eteginde berilŷär.
Goşa ŷaŷ içinde berilŷän kese çyzykly sanlar, belli
bölegi bozulan sözleri, goşa kuwadrat içinde berilen
sanlar bolsa, durşuna gaŷtadan işlenen sözleri
görkezŷär. Sorag belgisi, okalan ŷa-da gaŷtadan işlenen
sözleriň heniz jedelli we doly çözülmedigini aňladŷar.
Mysal üçin: 1502:3, (8,10?); 1511:11; 1513:(6), [8]; …
Eger-de soz diňe bir gezek gabat gelen bolsa, bozulan söz
goşa ŷaŷyň içinde, gaŷtadan işlenen söz goşa kuwadrat
içinde, setir sany bolsa daşy gurşalmadan berilŷär.
Mysal üçin: ( `) [t]r(w)d(t?) Ätardat (?) PN – 721:7.
Bozulyp gysgalan PN belgisi adam adyny
aňladŷar. Köp gaŷtalanŷan we bozulan söz passim
(hemme ŷerde) diŷen söz bilen bellenŷär. Adatdan
daşary ŷagdaŷda `L, MN, ZY arkaly sözleriň esasy
formasyny hem ulanylşyny, LYD bilen bolsa doly
sitadasy berilen sözleri görkezilŷär.
221
Birden köp gaŷtalanŷan sözlere ähmiŷetli giriş,
olaryň esasy gaŷtalanŷan şekli bilen başlanŷar,
tassyklanan wariŷantlarynyň doly listesi we olaryň
ulanylyşy bilen dowam edŷär. Aç-açan bir ŷalňyşlyk
bolmadyk ŷagdaŷda, ähli sözleriň doly sitadasy berilŷär.
Ŷekelik formasy –y bilen (köplenç ŷagdaŷda MN we B
predloglary bilen, emma erkin ulanylylŷar) we köplük
formasy -n harplaryny gerekli ŷerlerde, bu harplaryň
bolmadyk şekillerinde ŷerleşdirilŷär, mysal üçin:
pryptykn,
pryptkn
Friyapẵtikān
(,Friyapẵtdan,
Friyapẵtian,) bir ŷurduň ady; pryptkn – 862:(2); …; ῀y –
991:3 (prptykny); 992:3 (prptykny); 1046:(1); … ; pryptkn
– 860:1; …; ῀y – 915:(2); … -y, -y şekilleri bilen mdwbr
sözünde (ŷene-de erkin) HYTY düzüminde ulanylŷar,
mdwbr/mdwbry/mdwbry`,
mdwbr
sözüniň
yzyna
ŷerleşdirilŷär: mdwbr mad(u)bar ,çakyr fakturasy, passim (hemme ŷerde) …; ῀y – 153:4; … ῀y`- 164:(7);
w.S.m.
Arami diliniň köplük we çalyşma goşulmalarynyň
dürli görnüşleri-de şol şekilde gabat gelŷär, mysal üçin:
KRM`raz ,üzüm depesi, üzümligiň ady (üzüm depelerde
ekilipdir, B. G.) – passim- hemme ŷerde (düşnüksiz
ŷalňyş: KRMY – 2312:2); köplük KRMN – 1632:2; 2579
pr.:(2?); 3. şahs birlik KRMYH ,onuň çakyr depesi
(ammary), - 2622:2; 2625:(6).
Şeŷle düzgün bilen harplaryň transliterasŷasy163 üçin
1972 (ŷylyň karary?) esasynda şeŷle kabul edildi: ‟ „ b d
g ḥ h k l m n p q r s š ṭ t w y z.164
Transliterasŷadan soň berilŷän transkripsiŷa165
meniň bu işimde şertli ŷagdaŷlary göz öňünde tutup
163
Transliteration: belli bir ŷazuwyň harplaryny başga bir ŷazuwyň
elipbiŷiniň alamatlary bilen görkezmek.
164
„Ş“ harpy üçin, neşir edilen dokumentlerde belli bir belgi tapylmady.
222
teklip edilŷär. Munuň sebäbi, Part diliniň sesleriniň deň
agramly we dogry belgilerini tapmagyň, b.e.oz. birinji
ŷüzŷylynda geplenen Part diliniň ses düzgünlerini
gaŷtadan dikeltmegiň kynçylyklary, şonuň ŷaly-da adam
we ŷer-ŷurt atlarynyň gümürtik we şüpheli bolmagydyr.
Ynamly ŷagdaŷlarda-da nähili edip aŷry-aŷry belgiler
üçin Partça garşylygyny göz öňüne getirmeli? biziň
pikrimizçe, yzygiderli gaŷtalanŷan ynsan we ŷer-ŷurt
atlarynyň etimologiŷasy hakynda ynam bilen birzat
aŷtmak mümkin däl, şonuň üçin olaryň diňe
transliterasŷasy berilŷär.
Terjimede, sözleriň manysyny açyklamaga ŷa-da diňe
dokumentdäki sözleriň bir-biri bilen gatnaşygyny subut
etmäge çalyşŷarys.“166
3- Düşündirişlerden çykŷan netije:
A- Bu ŷazuw Arami elipbiŷinden alynypdyr. Onuň
transkripsiŷasyny
alymlaryň
resmileşdiren
we
kitaplardyr internet saŷtlaryndaky Part elipbiŷi bilen
derňelende kä harplarynda tapawut bar. Belki-de
Partlar ony, şu günki arap we latyn elipbilerini
ulanyşymyz ŷaly öz dilleriniň aŷratynlyklaryna
uŷgunlykda üŷtgetmeler girizip alandyrlar. Emma biz
aşakda sözleriň asyl ŷazylyşyny görkezenimizde, ŷazuwa
geçirmek
mümkinçiligimiziň
çäginde
Internet
saŷtlaryndaky resmi elipbiŷi peŷdalanmaly bolŷarys.
Aslynda bu resmileşdirilen elipbi, Nusaŷ ŷazuwyndan
takmynan 400 ŷyl soň ŷagny Sasanidleriň döwründe
Eŷranyň günortasyndaky Pars welaŷetinde ŷazylan
165
Transcription: belli bir ŷazuwyň fonotikasyny (seslerini) başga bir
diliň ŷzuwy (elipbiŷi) arkaly görkezmek.
166
: Parthian Economic Doguments from Nisa, Txts I-V, GLOSSARY,
By I. M. Diakonoff and V. A. Livshits Edited bay D. N. MacKenzie, A.
N. Baden and N. Sims-Williams. LONDON-1977-2001, s. 184
223
ŷazuwlardan
alynypdyr.
Bu
ŷazuwlar
Nusaŷ
elipbiŷinden ol ŷerde ŷaşan halklaryň dillerine
uŷgunlykda birneme üŷtgedilip alynan bolmaly.
B- Bu ŷazuwyň diliniň Eŷran dillerine-de, Arami
diline-de degişli däldigini alymlar aç-açan kesgitleŷärler.
Netijede öňa diňe „Part dili“ at berilmegini
tassyklaŷarlar, emma şol Part diliniň bu günki dilleriň
haŷsysyna degişlidigi hakynda welin hiç hili pikir
yöretmeŷärler. Gynansak-da Ŷewropalylar belli bir
kanagatlandyryjy delil getirmeden, Part dilini „Orta
Eŷran“ dili diŷip resmileşdiripdirler we Uniwersitelerdede Eŷranistik bölümde okadylŷar?.
C- Bu tekstler belli bir siŷasy, dini weŷa edebi tekst
bolman eŷsem diňe dürli obalardan we üzümliklerden
şerap ŷa sirke görnüşinde gelip gowuşŷan salgytlaryň
hasaba alyş fakturalaryndan ybaratdyr. Netijede,
ŷokarda görşümiz ŷaly bu tekstiň başdan aŷagy birsyhly
gaŷtalanŷan sanlyja sözlemden ybaratdyr. Bu ŷagdaŷ
ŷazuwyň dilini kesgitlemegi has hem kynlaşdyrŷar.
D- Alymlar tekstde yzygiderli gabat gelŷän ynsan we
ŷer-ŷurt atlary hem-de kä sözlriň yzlaryndaky
goşulmalara düşünip bilmeŷändiklerini we olar hakda
belli bir zat aŷdyp bolmaŷanlygyny aç-açan ykrar
edŷärler.
4- Bu uly iş hakda biziň düşünjämiz:
Gözbaşyny
müňŷyllyklaradn
alyp
gaŷdŷan
milletimiziň
hemişelik
ŷuwrdy
güneşli
Türkmenistanymyyzň gadymy we şu günki paŷtagty
Aşgabady alkymlap oturan Nusaŷdan tapylan ŷazuw
ŷadygärlikleriň syryny açyp okamak ugrunda çekilen 53
ŷyllyk (1948-2001) zähmeti gözden geçirenimizde, bir
ŷandan gaty begenŷäris hem-de bu ugurda gije-gündiz
zähmet çeken; Masson, Diakonoflar we Liwşit ŷaly
224
alymlara hem-de bu alymlara mümkinçilik döreden
döwletlere tüŷs ŷürekden minnetdarlyk bildirmegi öz
milli borjumuz hasap edŷäris.
Emma ŷene bir ŷandan bolsa gynanŷarys. Sebäbi
ŷokarda ady geçen beŷik alymlar bu ylmy işe
başlanlaryndan, soňky asyrlarda höküm süren siŷasy
şertlerden gelip çykan milletçilik ideologiŷalaryň täsiri,
olaryň has dogry we doly netije çykarmaklaryna päsgel
beripdir, hatda böwet bolupdyr diýip düşünýärin.
Ŷagny belli bir siŷasy maksatlar bilen kä halklaryň
taryhyny, medeniŷetini we milli barlygyny kemsidip,
hatda inkär edip, beŷleki kä bir halklara bolsa ŷasama
taryh we medeniŷetler toslamak arkaly olaryň arasynda
agzyalalyk döredildi. Bu ŷagdaŷ bolsa ähli ylmy
merkezleri hem, beŷik alymlary hem täsir astyna alyp
uly ŷalňyşlyklara ŷol açdy. Bu hakykaty hatda ŷokarda
ady geçen M. E. Masson hem aralarynda bolan birnäçe
öňki Şurewi (Sowet) alymlary, birwagtlar ykrar edip, ol
hakda şeŷle ŷazypdylar:
„Türkmenleriň hem olaryň ata-babalarynyň
taryhyna Rus we Günbatar Ŷewropa burjuwaz
taryhçylarynyň ençeme eserleri bagyşlanypdyr. Şol
eserlerde ençeme gyzykly we gymmatly maglumatlar
bar, emma ol eserler özlerine örän ägälik bilen we
tankydy suratda çemeleşmegini talap edŷär. Burjuwaz
awtorlaryň köplenjisi Orta Aziŷa halklarynyň taryhyny
höküm süren dinastiŷalaryň, tükeniksiz uruşlarynyň we
çozup girmeleriň taryhyna syrykdyrmaga meŷilli bolup,
zähmetkeşler köpçüliginiň durmuşy we işi bilen az
gyzyklanypdyrlar. Gündogar halklaryna, aŷratyn hem
Türki dilli halklara äsgermesizlik bilen garap, şol
taryhçylar Türkmenleriň we olaryň ata-babalarynyň
225
Medeni hem hojalyk taŷdan gazanan üstünliklerini
kemsidipdirler“.167
Gynansak-da bu ŷagdaŷ heniz hem dowam edip
gelŷär. Hut şeŷle şertlerde Nusaŷ ŷazuwlarynyň syryny
çözmäge girişilende, bu ŷuwrdyň hakyky, taryhy we
kanuny eŷesi bolan Türkmen ulusynynyň taryhyna,
medeniŷetine we onuň örän gadymy hem baŷ diline göz
ŷumulyp, Onsoň ol ŷazuwy başga ŷuwrtlarda ŷaşan we
ŷaşaŷan keseki halklaryň dili we medeniŷeti bilen
derňäp, her deip-hesip edip şol dillere uŷdurjak bolup
jan çekŷärler!. İň soňunda-da bu keseki dillere uŷduryp
bilmän: - biz bu ŷazuwlaryň diliniň grammatikasyna,
elipbiŷindäki kä seslerine, ynsan we ŷer-ŷuwrt atlaryna
doly düşünip bilemizok we olar hakda belli bir zat
aŷdyp biljek däl – diŷen netijä gelŷärler. Sebäbi, edil
Türkmen dilindäki ;q; (ŷogyn ;k;) bilen ;k; (inçe k), ;ẓ;
(th) bilen ;z; ŷaly sesleriň aŷratynlyklaryna, göz öňünde
tutŷan dilleriniň ses kadalary bilen düşünmek mümkin
bolmandyr. Ŷene-de, sözleriň yzyndaky düşüm (eŷelik,
çykyş …) goşulmalaryna düşünip bilmeŷärler, çünki
olaryň derňeŷän Hindi-Ŷewropa dillerinde bu düşümler,
goşulmalar bilen däl-de eŷsem aŷry-aŷry predloglar
bilen beŷan edilŷär. Şonuň ŷaly-da Kaka, Artyk,
Madaw, Bähärden ŷaly ynsan we ŷer-ŷuwrt atlaryny
tanap bilmändirler diŷip düşünŷärin.…
Şu hakykatlary göz öňünde tutmak bilen, garaşsyz
Türkmenistanyň alymlary bu edilen işleri gaŷtadan
seredip doly we ylmy esasda gözden geçirmek arkaly,
olary bu ideologik güŷäniň täsirinden halas etmek bilen,
öz gadymy ata-babalarynyň we ene-mamalarynyň
geplän dilidigini orta çykarmalydyrlar diŷip düşünŷärin,
hem-de güŷjümiň çatdygyça bu ugurda kiçijik ädim
ätmegi öz milli borjum hasap edŷärin. Munuň üçin
167
Türkmenistanyň (TSSR) taryhy, TOM 1, Aşgabat-1959, S. 10
226
ŷokarda ady geçen hormatly alymlaryň işlerini gaŷtagaŷta gözden geçirmek arkaly häzirki Türkmen
dilimiziň hem ŷer-ŷurt atlarymyzyň yzlaryny tapmaga
çalyşdym.
Ŷokarda-da belläp geçişimiz ŷaly bu tekst diňe
brinäçe sözlemiň gaŷtalanŷan fakturalardan ybarat
bolany üçin, esasan onuň sözlük bölümini ele alŷarys.
(İran şahı Kuroş´u yenen Tumar Hanım´ın sembolik resmi)
227
Bir Part hakimi (London müzesi)
(Part dönemine ait kapkacaklar)
228
5- Nusaŷ Ŷazuwynyň yzy Türkmenistanda we Türkmen
dilinde:
Ŷazuwly küŷzeleriň ählisinde diŷen ŷaly gaŷtalanŷan
setirleriň başynda aşakdaky sözlem gaŷtalanŷar:
„B HWTʼ ZNH MN KRMʼ ʼWZ(bry)“
Bu sözlemi alymlar, belki-de Arami dilini göz öňünde
tutmak bilen: „Bu humda bir uzbary üzümlikden (üzüm
ekinliginden)“ diŷip many edipdirler. Biz ony Türkmen
dilini göz öňünde tutmak hem-de iki harp artdyrmak
bilen, aşakdaky ŷaly ŷazyp many çykarmagy teklip
edŷäris:
„Bu Hu(m)da sany müň, (e)kerem uz bary“ weŷa:
„Bu Humda sany müň, ekinlik uzbary“ weŷa bu günki
türkmençä uŷgunlaşdyryp:
Bu Humda müň sany… bary uz (oňat) ekinlikden (üzüm
ekininden).
Alymlar Belli bir gadymy tekstdäki ŷazuwdan şol
tekste ŷakyn bolan häzirki dilleriň kömegi bilen belli
many çykarmak üçin erkinräk okap, käbir harplary ŷaŷ
içinde artdyrmak ŷaly üŷtgetmeleri girizmegi dogry
hasap edŷärler. Meselem, Arami Part ŷazuwynda
häzirki Arap eilpbiŷinde bolşy ŷaly çekimli sesleriň
hemmesi ulanylman diňe az ŷerlerde „a“ , „i“; „w“
çekimlileri ulanylypdyr ŷa-da olary alymlar gerekli
hasap eden ŷerlerinde özleri artdyrypdyrlar. Şonuň ŷaly
hem bir alamat näçe ses üçin ulanylypyr, meselem:
w=o=u=ü, i=y=ŷ. Bu ŷagdaŷ käbir çekimsizler üçin hem
şeŷle, meselem: t=d, k=g. Yokardaky şertleri göz öňünde
tutmak bilen, şu günki Türkmen diline gabat gelŷän
sözleriň listesini olaryň gadymy yazuwy bilen bilelikde
berŷäris.
229
-1
1-
ʼg (wz?) Agoz: Adam ady (s. 184)
Bu sözüň, nesilbaşymyz „Oguz“uň ady bilen deňdigi apaçyk görünip duwr.
-2
2-
ʼwzbry>uzbary: Salgyt üçin hil kesgidi (s. 184), (s. 187)
Ŷokarda-da görşümiz ŷaly, bu goşma sözüň iki sany „uz“
we „bary“ sada sözlerden düzülendigi hiç hili ŷorum
talap etmeden belli bolup dur, ŷagny „hemmesi uz,
hemmesi oňat“. Uzbary tekstiň köp ŷerinde belli bir
üzümligiň ady hökmünde-de geçŷär. Belki-de ol ŷerde
„bary(miwesi) uz“ (oňat miweli) manysynda ulanylandyr.
-3
3-
ʼ(mpd), Ampad: Adam ady (s. 185)
Bu söz Türkmenlerde ulanylŷan „Ammat“ adyna gabat
gelŷär.
-4
4-
ʼmpy, hmpy: Oba ady (s. 185)
Bu sözi „Hampy“ şeklinde-de yazyp bilŷäris we
Türkmensähradaky köne türkmen obasy „Ŷampy“nyň
ady bilen gabat gelŷär. Ŷagny bu oba şol gadymy Part
obasynyň adynyň üŷtgänräk gönüşini saklap oturan
bolmaly.
-5
5-
ʼntk, Andak: Adam ady (s. 185)
230
Bu söz Türkmenlerde giňden ulanylŷan „Annak“ bilen
gabat gelŷär. Sebäbi „d“ sesiniň, öňündäki „n“ sesine
öwrülmegi biziň dilimizde adaty ŷagdaŷdyr. Meselen
ýandak>ýannak.
-6
6-
ʼ(n?) Kşşy: Üzümlik depäň ady (s. 185)
Bu sözi „ö“ çekimli ses artdyrmak bilen „Köşşi“ we
„Köşi“ görnüşlerinde ŷazmak hem mümkin. Köşi, Nusaŷa
ŷakyn gadymy obanyň ady we ŷerleşen ŷeriniň günortasy
bolsa üzümlük depe bolan bolmaly. Köşşi görnüşi bolsa
gadymy türkmen atlardan, ylaŷta-da gadymy Dahlaryň
bärsidikleri nygtalŷan Daz taŷpasynda.
-7
7-
ʼpdn, Appadan, Apadan: Köşk (s. 185)
Part eilpbiŷinde „p“ bilen „b“ sesleri bir harp bilen
(
=p,b) görkezilŷändigini göz öňünde tutmak bilen bu
sözi „Abbadan“ ŷa „Abadan“ görnüşünde hem ŷazmak
mümkin. Bu goşma sözüň kökünde „Ab“ sözi bar. Bu söz
Sumer dilinde „Ab“, „Orhun“ ŷazuwlarynda „Äb“
häzirki türkçede „Ew“ , Türkmen dilninde bolsa „Öŷ“
şekillerde we deň manyda bar. (ser. B. Gerey, 5000 ŷyllyk
Sumer-Türkmen baglary, Istanbul-2004, sözlük bölümi).
Abadan sözi-de şol gadymy „Ab‟ Äb“ sözünden gelipçykanlygy gaty ähtimaldyr.
-8
8-
ʼpdnk:Köşgiň, Köşkden (s. 185)
Apadan sözüniň yzyndaky „k“ ŷa „ik“ eŷelik goşulmasy,
türkmen dilindäki „iň, yň“ bilen gabat gelmegi örän
gyzykly hem manylydyr. Bu bolsa Part diliniň Türkmen
diliniň gadymy şekli bolandygyna daýanarlyk bir delildir.
231
-9
9-
ʼrgkn, Argakan: Oba ady (s. 185)
Bu goşma sözüň iki sany „Aryg“ (Aryk) we „akan“ sada
sözlerden ŷüze çykandygy açyk duŷulyp duwr.
-10
10-
ʼrtwk, Artok: Şäher ady (s. 186)
Bu
sözüň
Türkmenistandaky
häzirki
„Artyk“
şäherçesiniň adynda saklanyp galandygy ap-açykdyr.
Sebäbi Part elipbiŷinde „o“, „u“, „y“ sesleri diňe bir harp
( ) bilen görkezilŷär. Netijede bu sözi „Artyk“ şeklinde
ŷazmak-da dogrudyr. Bu sözüň hem Part dilinde bolmagy
örän manylydyr sebäbi ol diňe bir ŷurt ady bolman eŷsem
belli manysy-da bar.
-11
11-
ʼtryn? Ataren(?): Adam ady (s. 187)
Bu adyň asly „Ataran“ ŷa–da
„Ata“ we „Eren“
sözlerinden gelip çykan bolmagy gaty ähtimal. Herhalda
onda „Ata“ sözüniň barlygy bellidir.
-12
12-
ʼtykn, Atikan (?): ŷurt ady
Bu ŷurt ady „Atykän“ , „Atygan“ ŷaly görnüşlerde-de
ŷazmak mümkin. Her halda onda „at“ sözi barlygy
duŷulŷar.
Ŷene bir
ŷandan, gadymy
Orhun
ŷazuwlaryndaky „Ötüken“ ŷurt adyny hem ŷaňsytŷar.
-13
13-
(bḥt)yk, Baḥtyk: Adam ady (s. 188)
232
Bu söz hem türkmenlerde köp ulanylŷan „Bagty“ ,
„Bagtyhan“ ŷaly atlarda gabat gelŷär.
/
14-
-14
b/wrdn, Bardan: Belli bir üzümlügiň ady (s. 189)
Bu sözüň Parlaryň köp ŷaşaŷan ŷurdy „Bäherden“ ligi
bellidir diŷip düşünŷärin.
-15
15-
bwḥtk, Buxtak: Adam ady (s. 189)
Bu söz „Pudak“ we Türkmensährada köne at hökmünde
ulanylŷan „Bogda“ ŷaly adam atlaryna gabat gelŷär,
şonuň ŷaly-da „Bogdak“ sözüne hem örän meňzeş.
-16
16-
bwzk, Bozak: Adam ady (s. 189)
Bu söz Oguzhanyň neslinden bolan „Boz-oklar“yň adyna
gabat gelŷär. Türkmenlerde „Sary“, „Ak“, „Gök“ ŷaly
reňkiň atlaryny ynsan ady üçin hem ulanylŷandygyny göz
öňünde tutanymyzda, bu sözüň iki sany „boz“ we „ak“
ýa-da „boz“ we „ok“ sözden ŷüze çykyn bolmagy-da
mümkin.
-17
17-
d/rhymt, Dahyumit: Adam ady (s. 190)
Bu goşma sözüň düzüminde iki sany „Dah“ we „Yumit“
ŷa „Ŷomut“ sözleri ap-açyk görünip dur. Part döwletini
guran esasy taŷalaryň biri bolan Dahlaryň, häzirki Daz
taŷpasynyň aňyrsydygy hakda ŷokarda söz edipdik.
Ŷumit ŷa Ŷomut sözüniň bu ŷazuwda gelmegi-de hem
gyzykly hem-de kanuna laŷykdyr diŷip düşünŷärin.
Taŷpa adyny şahs ady hökmünde ulanmak ŷa-da
233
taŷpalaryň belli bir şahsyň adyndan ŷüze çykmagy-da
türki halklaryň taryhynda adaty ŷagdaŷdyr.
-18
18-
19-
20-
gʼwr (gawr), v., gwr: Adam, erkek (s. 190)
Bu söz Türkmenistanyň taryhy ŷerleri bolan Gäwürgala,
Gäwers ŷaly atlardaky „Gäwür“digi ap-açyk görünip
dur. Gäwürgala belki-de „Gäwürüň galasy“ dimekdir.
( )
-19
qʼylt/qaylw: Agdyk we artyp galan, galan (s. 190)
Bu sözi „qalyt“ we „qaluw“ şekllerinde-de ŷazmak
bolŷar, onuň kökünde bolsa „ga:l“ (ga:lmak) sözüniň
barlygy duŷulyp dur.
-20
g(r)zyk, Garzyk(?): Adam ady (s. 190)
Bu sözi azajyk üŷtgedip „Garjyk“ şeklinde ŷazanymyzda,
Türkmensärada köne at hökmünde ulanylŷan ada doly
gabat gelŷär. Öñ-de belläp geçişimiz ýaly, bu ugurda işlän
alymlar bular ŷaly sözlerden belli many çykarmak üçin
has erkinräk üŷtgetmegi-de dogry hasap edŷärler.
/
21-
-21
gwr, gʼwr, Gör: Adam ady (s. 191)
Part ŷazuwynda „k“ we „g“ sesleri bir harp (
) bilen,
şonuň ŷaly-da „o“ ,“ö“, „u“ we „ü“ seslerini-de bir harp
( ) bilen görkezilŷändigini göz öňünde tutmak bilen bu
sözi „Gör“,
„Kör“, „Kur“ görnüşlerinde-de ŷazyp
bilŷäris. Bu sözleriň, hem gadymy Sumer dilinde hem-de
Türkmen we beŷleki Türk dillerinde „güŷç“ „güŷçli“
„sagdyn“ „gahryman“ ŷaly dürli manylary bar. Ähli
234
Türki halklaryň gadymy legendar gahrymany „Görogly“
ŷa „Körogly“nyň ady hem şu sözden gelip çaykan we
„Gahryman ogly“ diŷen manyny aňladan bolmaly.
Türkmeniň taryhy şahsyŷaty „Keŷmir Kör“ we Türkmen
taŷpasy „Kör“ hem şu sözden gelip çykan bolmagy
kanuna laŷykdyr. Bu barada „Ahmat Bekmyd“yň
„Göroglynyň yzlary“ we „Soltanşa Atanyaz“yň „Şejere“
kitabynda gymmatly maglumatlar bar.
-22
22-
gznbr, gaznbar: Gazna, genç (s. 191)
Bu düzme sözde „Gazna“ we „bar“ sada sözleri ap-açyk
görünŷär.
/
23-
-23
ḥşytk, xşetak: Adam ady (s. 192)
Bu sözi „Heşdek“ şeklinde-de ŷazmak mümkin, sebäbi
Part ŷazuwynda „t“ bilen „d“ sesleri bir harp ( ) bilen
görkezilŷär. Eger-de biz - „Bugra“ ady ŷaly Heşdek
sözüni hem adam ady hökmünde ulanylypdyr- diŷsek, öte
geçdigimiz bolmasa gerek.
-24
24-
hʼmn, ḥʼmn, hmn, Haman (?): Adam ady (s. 193)
Bu söze örän ŷakyn bolan „Aman“ sözi gadymy Sumer
dilinde „erkek adam“ manysynda bar, Türkmenlerde-de
erkek adam ady hökmünde giňden ulanylŷar. Äman sözi
arap dilinde-de „parahat“ manysynda bar. Bularyň
arasynda baglanşyk bolmak ähtimaly-da göz öňünde
tutulmalymyka diŷŷärin.
-25
25-
hmpy, Hampi(?): Oba ady (s. 193)
235
Ŷokarda-da
(3.)
belläp
geçişimiz
ŷaly,
Türkmensähradaky „Ŷampy“ obasy, megerem şol
gadymy ady saklap oturan ŷurt bolsa gerek.
-26
26-
hwkr, Hukar: Adam ady (s. 193)
Bu sözi „Hokar“ görbüşinde-de ŷazyp bolŷar. Hokar
(hokgar) durnalar maşgalasyndan bir guşuň ady. Guşuň
adyny ynsan ady üçin ulanmak bolsa ähli halklarda duş
gelŷar. Eger-de azajyk üŷtgetmek bilen „Hunkär“
görnüşinde ŷazylsa, onda Görogly eposyndaky „Şah“,
„Häkim“ manysynda gelŷär. Hukar we Hunkär sözleriň
bir sözüň üŷtgän görnüşleri bolmagy-da mümkin.
-27
27-
hw(m?), Hom: Adam ady (s. 193)
Bu sözi „Hommy“ , „Hommat“ ŷaly Türkmen atlarynda
görüp bolŷar.
-28
28-
humy, Humay: Ynsan ady (s. 193)
„Humaŷ“ gadymy köptaňrylyk döwründe Türki
halklarda „Ene Taňry“ hem-de bolluk we bereket
taňrysynyň ady bolupdyr. Şu gün hem Türkmenlerde
hanym ady hökmünde ulanylŷar.
-29
29-
k ʼhk, Kahak: Oba ady (194)
Bu sözi „Kahka“ weŷa hut „Kaka“ görnüşinde ŷazmak
hem bolŷar. Bu oba adynyň häzirki „Kaka“ şäherçesi
bilen bir sözüň üŷtgeşigiräk görnüşleridigi ap-açyk
görünüp dur.
236
-30
30-
kmwk, Kamük(?): Oba ady (s. 194)
Arami elipbiŷinden alynan Part ŷazuwynda „k“ we „g“
sesleri bir harp ( ) bilen görkezilŷändigini, şonuň ŷaly
hem, çekimli sesleri-de diňe bir weŷa iki harp bilen
( , ) görkezilŷändigini göz öňünde tutmak bilen, bu
sözi
„Gämük“ ŷa „Gämik“ weŷa
hut „Gämi“
görnüşlerinde-de ŷazyp bolŷar. Herhalda bu oba adynyň
häzirki „Gämi“ obasynyň üŷtgeşigiräk görnüşidir diŷip
düşünŷärin.
-31
31-
krkyşn, kerkşn, Karkiçan: Oba ady
(s. 194)
Bu sözi „Kerkişan“ ŷa „Kerkiçan“ görnüşlerinde ŷazmak
bolŷar. Bu goşma sözüň Birncisiniň „Kerki“digi ap-açyk
görünip dur. Ŷagny häzirki „Kerki“ şol gadymy Part
obasynyň adyny saklap oturan bolmaly.
-32
32-
krşt: Oba ady (s. 194)
Bu sözi „Garşyt“ görnüşinde ŷazyp bolŷar. Ondaky „t“
goşulmasyny aŷranymyzda „Garşy“ galŷar. Bu söz oba
ady hökmünde heniz hem ulanylŷar.
- 33
33-
kşk (kşr?): Oba ady (s. 194)
Bu sözi „Köşk“, „Köşgi“ görnüşlerinde-de ŷazyp bolŷar.
Köşk sözünden gelip-çykan „Köşgi“, Türkmensähra bilen
Horasan aralygynda bir türkmen obanyň adydyr. Bu
sözüň „Guşgy“ sözüne-de ŷakynlygy duŷulŷar.
237
-34
34-
kwydtkn, Kawidatakan: Oba ady (s. 194)
Bu sözi „Kawidat-akan“ görnüşinde ŷazanymyzda,
„akan“ sözi açyk görülŷär. „Kawidat“ sözüniň hem
„Köwata“ sözi bilen belli bir baglanşygy bolmagy
mümkin. „Akan“ goşulmasy başga-da birnäçe atda gabat
gelŷär.
-35
35-
kwyr(şk), Kaw(i)arşak: Adam ady (194)
Bu sözi biz „Gawy Ärşak“ görnüşinde-de ŷazyp bilŷäris.
Bu goşma sözüň birinjisi Gawy (Gowy) sözüniň Türkmen
dilinde belli manysy bar, şonuň ŷaly hem bu sözi
Günbatar Türkmenistanda we Türkmensährada adam
ady hökmünde ulanylŷar. Ärşak ŷa Ärsak bolsa Part
döwletiniň düŷbüni tutan Sak taŷpasynyň baştutanydygy
hakynda ŷokarda gürrüň edipdik. Gowy Äasak belli bir
lakap ŷa-da sylag üçin berilŷän dereje bolmagy-da gaty
ähtimal.
-36
36-
(k?y/gş) Krt: Üzümlik ady (194)
Bu sözi belki-de „Gyşkert“ ŷa „Guşkert“ görnüşinde
ulanylandyr. Herhalda Türkmen dilndäki „kert“ söziniň
bardygy belli. Üzümlikleriň köplenç kertlerde, beŷigiräk
ŷerlerde ŷerleşŷändigini-de göz öňünde tutulmalydyr.
-37
37-
mnyk (mnwk?) Manik(?): Adam ady (s.196)
Bu adyň Türkmen oba hem adam ady „Mäne“ bilen
gatnaşygy açyk duŷulŷar.
238
38-
/
-38
mar, mry: Suwk zatlaryň ölçegi, takmynan 15 litr (s.196-7)
Bu sözi „Mary“ görnüşinde-de ŷazyp bolŷar. Belki-de bu
ölçeg şol döwürde Maryda ulanylyp onuň adyny alandyr.
Herhalda bu sözüň Marynyň ady bilen baglanşygy
duýulýar. Şeŷle at dakma däbi heniz hem görülŷär, mysal
üçin: „Tebriz Meni“ = 3 kile, „Reŷ Meni“ = 12 kile.
-39
39-
mtrdt, Mihirdat: Adam ady (s. 197)
Bu sözi „Mitirdat“ görnüşinde-de ŷazyp bolŷar. Bu at
„Myrat“ görnüşinde iň ŷörgün atlaryň biri hökmünde
saklanyp galypdyr diŷip düşünŷärin.
-40
40-
mtrdtkn, Mihirdatakan: Mihirdatyňky (of Mihirdat)
(s. 197)
Bu adyň yzyndaky eŷelik goşulmanyň Türkmen diliniň
grammatikasyna uŷŷandygy örän gyzyklydyr. HindiŶewropa
dillerinde,
şol
sanda
Pars
diliniň
grammatikasynda bu goşulma ŷok, onuň ŷerine
predloglardan ŷa özbaşdak sözlerden peŷdalanylŷar.
-41
41-
mtrynk, Mihrenak: Mihriňki (of Mihren)
(s. 198)
Bu ŷerde-de eŷelik düşümiň goşulmasy edil Türkmen
diliniň grammatikasyna deň gelŷär.
-42
42-
myk, Mayak: Adam ady (s. 198)
Bu söz „Maŷa“, „Maŷsa“ we „Maŷyş“ ŷaly türkmen
atlaryna gabat gelŷär.
239
-43
43-
p(r) ʼy, Fray: Adam ady (199)
Bu sözüň dogry ŷazuwy, görülişi ŷaly „Paraŷ“ (Par-Aŷ).
Nusay tekstinde „Par“ bilen başlanŷan birnäçe ynsan
hem ŷer-ŷurt atlary bar. Gyzylarbat töwereginde
ŷerleşŷän „Parawbibi“ bilen bu adyň arasynda belli bir
baglanty bolmagy-da gaty ähtimaldyr.
-44
44-
prdh, Fradah: Adam ady (s. 199)
Bu adyň dogry ŷazuwy „Pardah“ bolup, „Par“ we „Dah“
sözlerinden ŷüze çykan bolmaly. Ŷokarda görşümiz ŷaly
„Parn“ we „Dah“ Part döwletini guran iki sany esasy Sak
taŷpasy bolupdyr. Bilşimiz ŷaly taŷpa adyny adam ady
üçin ulanmak bizde heniz hem dowam edŷän däpdir.
(
45-
46-
)
-45
prdh(k): Üzümlik ady (199)
Bu sözüň dogry ŷazuwy „Pardah“ (Pardag) we dag
eteginde ŷerleşen üzümligiň ady bolmaly diŷip
düşünŷärin. Köpetdaga gadym zaman „Partaw“
diŷilendigi hakynda ŷokarda gürrüň edipdik.
-46
prdyz, Pardez „Paradise“: Belli bir üzümligiň ady (s. 199)
Bu sözi „Pardüz“ ŷazmak has dogry hem manylydyr.
„Pardag“ we „Pardüz“ atlary, biri dag eteginde, beŷlekisi
bolsa garşysyndaky düzde ŷerleşen iki sany üzümlügi
hakyda getirŷär. Ŷewropa dillerinde jennet manysynda
ulanylŷan „Paradis“ söziniñ ŷokardaky söz bilen
gatnaşygy barmyka?.
240
-47
47-
48-
49-
prht, Farahat: Adam ady (s. 199)
Türkmen dilinde giňden ulanylŷan „Parahat“ sözi, Arap
sözi bolan „Färagät“dan gelip-çykandyr diŷip çak
edilŷärdi. Emma görşümiz ŷaly ol has irki Part
döwründen galan soz bolmaly. Belki-de şol döwürlerde
Arami dilinden Part diline girendir ŷa tersine.
-48
çokunagyň
prhtk(n?),
Frahatakan:
Belli
bir
(ybadathananyň) ady (s. 199)
Bu adyň has dogryrak ŷazylmagy „Parahatakan“
bolmaly.
( )
-49
prk(pdk?): Belli bir ŷurduň bir bölegi ŷa-da depeligiň belli
bir katigoriŷasy (s. 199)
Bu sözi „Parak“ belki-de „Par-ak“ görnüşlerinde-de, Part
ŷazuwynda „r“ we „d“ harplarynyň (arap elipbiŷinde
bolşy ŷaly) örän meňzeşdigini göz öňünde tutmak bilen
belki „pudak“ görnüşinde-de ŷazyp bileris diŷip
düşünŷärin.
- 50
50-
prnbg, Farnbag: Adam ady (199)
Bu sözüň has dogrysynyň „Parnbeg“ şekli boljakdygy apaçyk görünip duwr. Atlaryň söňundaky „n“ we „t“
goşulmalarynyň gadym wagtda köplük alamaty, ŷagny
„lar“ ŷerine ulanylandygy hakynda ŷokarda durup
gecipdik. Netijede bu söz „Parlar begi“ diŷen manyny
aňlatŷar. Bu ŷerde „Beg“ sözüniň has gadymy
döwürlerde
„Taňry“
manyda-da
ulanylandygyny
ŷatladyp
geçŷäris.
Meselem
gadymy
Türk
241
mifologiŷalarynda „Baŷ ülken Tňry“nyň ady geçŷär.
Ähli türki halklarda „Beg“, „Beŷ“ we „Baŷ“ görnüşlerde
giňden ulanylyp gelen bu söz, şol döwürlerde
Ahmenitleriň diline-de geçip Eŷrandaky Bistun
ŷazuwlarynda hem yz galdyrypdyr.
-51
51-
prnhw, Farnahw: Adam ady (199)
Bu sözde-de „Par“ we „Parn“ sözi bar. Bu söz
Gyzylarbadyň töwereginäki „Paraw“ obasy we
„Parawbibi“ bilen baglanşygy bellidir.
-52
52-
prşkn (pdşkn?), Fraşakan: Oba ady (199)
Bu sözüň dogrysy „Parşakan“ bolmaly sebäbi Part
ŷazuwynda diňe „p“ harpy bar we „f“ harpy ŷok. Bu
adyň düzüminde-de „akan“ goşulmasy duŷulŷar, bu bolsa
köplenç akar suwlaryň ŷakasynda ŷerleşŷän oba atlary
üçin adaty ŷagdaŷdyr. Türkmensährada „Porsakan“
obasynyň barlygy-da üns bererlikdir.
-53
53-
prt, Frat: Adam ady (s. 199)
Bu sözi „Part“ we „Parat“
görnüşlerinde-de ŷazmak bolŷar.
(belki-de
(
54-
Par-a:t)
)
-54
prwşy, Frawaşi (?): Ŷurt ady (s. 199)
Part ŷazuwynda „w“ we „b“ seslerini bir harpda ( )
weŷa örän birbirine meňzeş harplarda ( , )
görkezilendigini hem-de bu ŷazuwda „f“ harpynyň
ŷoklygyny göz öňünde tutmak bilen biz bu sözi „Parbaşy“
weŷa „Parabşy“ görnüşlerinde ŷazanymyzda asyl
242
nusgasyna has ŷakynrak bolŷar hem-de belli manylary
aňladŷar.
-55
55-
56-
57-
p(rwt)k(?), Frotak(?): Adam ady (s. 199)
Bu ady „Parawtak“ belki-de „Parawdag“ görnüşinde-de
ŷazyp bileris. Onuň „Parawbibi“ adyna çalym etmegi üns
bererlikdir.
-56
pryptykn, prytkn Friyapatikan: Friyapatdan, Friyapadyň
(s. 200)
Bu sözü „Parŷaptykan“ ŷa „Parŷaptkyň“ görnüşlerinde
ŷazylsa asyl nusgasyna has ŷakyn bolŷar. Bu sözde iki
sany manyly aŷratynlyk ünsi çekŷär: Birinjiden onda
„Parŷap“ ŷa „Parap“ sözüniň barlygy, ikinjiden bolsa
onda çykyş weŷa eŷelik düşümleriň edil Türkmen diliniň
grammerinde bolşy ŷaly yzyna goşulmalar göşulup beŷan
edilipdir. Hindi-Ŷewropa dillerinde bolsa, ŷokarda-da
belläp geçişimiz ŷaly, bu düşümler predloglar bilen beŷan
edilŷär. Bu ŷerde, Özbeklerde Amyderŷanyň adyna
„Parderŷa“ diŷilŷändigini-de ŷatladyp geçŷäris.
-57
ptbzyk, patbazik: Salgyt almak üçin bellenen hil, üzümlik
kategoriŷasy (s. 201)
Bu goşma sözüň iki sany „pat“ we „bazyk ŷa bozuk“
sözünden emele gelen bolmaly. Belki-de hasylyň hili örän
pes bolany üçin „bary bozuk“ diŷen ŷaly manysy
bolandyr. Herhalda bu sözüň ikinji bölümi „bozuk“
sözüne gaty ŷakyn. Ŷokarda-da ŷeriň hili hakynda
„uzbary“ sözüniň; bary uz, bary oňat diŷen ŷaly manysy
bolmak ätimalyny öňe sürüpdik. Netijede bu iki söz hil
243
belleŷji gapmagarşy söz bolan bolmagy gaty ähtimaldyr
diŷip düşünŷärin.
-58
58-
skn, Sakan: Oba we ŷurt ady (s. 202)
Bu sözüň yzyndaky „an“ goşulmasy gadymy Türk hem
käbir beŷleki dillerde köplük goşulmasy „lar, ler“ ŷerine
ulanylandygyny göz öňünde tutsak „Saklar“ diŷen
manyny aňladŷar. Sakar obasynyň ady-da şu söz bilen bir
kökdenligi ap-açyk görülip duwr. Belki-de gadymy ady
Sakan bolup wagtyň geçmegi bilen diliň üŷtgeme
kadalaryna görä „n“ sesi „r“ sesinde öwrilendir.
-59
59-
skpyr: Adam ady (s. 203)
Bu sözi „Sakpir“ görnüşinde ŷazyp bileris, ŷagny
Saklaryň piri we keramatly adamy manysynda. Şugün
hem türkmenlerde Pir sözünden köp atlar goŷulŷar:
Pirem, Pirli, Pirguly ŷaly. Türkmensährada Daz
obalarynyň biriniň adynyň „Pirebaş“ bolmagy-da üns
bererlikdir diŷip düşünŷärin.
- 60
60-
spyr, Spir(?): Adam ady (203)
Bu ady „Sabyr“ we „Sapar“ görnüşlerinde-de ŷazmak
mümkin. Bu sözleriň „Säfär“ (ŷolagçylyk) we „Säbr“
(Sabyr) ŷaly Arap sözlerinden gelip-çykanlygy kabul
edilŷärdi. Emma olaryň has gadymy döwürlerden bäri at
hökmünde ulanylyp gelendigi, belki-de başga manylary
hem bolan bolmagy mümkin. Sebäbi kä Sak hanbegleriniň we şlarynyň adynda-da „Sapar“ sözi görülŷär.
Şonuň ŷaly hem örän gadymy döwürde ŷaşan we şu gün
244
hem Azerbeŷjan milletiniň etnik düzüminde „Sabir“
taŷpasy bar.
(?
61-
)
-61
sr(şk?), Sariçak: Adam ady (s. 203)
Bu söz türkmenlerde ulanylŷan „Saryja“ adyny
ŷaňsytŷar. Herhalda bu adyň düzüminde „Sary“ sözi
görünip dur. Bizde-de „Sary“ sözi ŷekelikde hem-de
başga goşulmalar artdyrylyp at hökmünde köp ulanylŷar.
Umuman Sary, gök, mawy, gyzyl ŷaly boŷa atlaryny
adam ady hökmünde-de ulanmak gadymdan gelŷn
däpdir.
-62
62-
symykn, symkn, Semikan(?): Üüzmlik ady (204)
Bu at Özbegistandaky „Semengan“ we Türkmensähra
bilen Horasan aralygyndaky „Symylgan“ ŷurt atlaryny
ŷaňsytŷar.
/
63-
-63
şşnk, şşʼnk, Çaçanak: Oba ady (204)
Eger-de bu oba ady alymlaryň ŷorumy ŷaly „Çaçanak“
şeklinde göz öňüne getirsek, onda häzirki „Çäçe“
obasynyň ady ap-açyk görünip duwr.
-64
64-
şyrk, Şirak: Adam ady (s. 204)
Bu söz Ahamenid Eŷranynyñ basybalyjy goşununy aldap
garagumuň suwsuz çöllerine äkidip heläk etmek bilen
ŷuwrdy goran Saklaryň gahryman çopany „Syrak“yň
adyna gabat gelŷär. Şonuň ŷaly-da bu at Türkmenistanda
ŷaşaŷan „Şaraklar“ tiresiniň adyny hem ŷaňsytŷar.
245
-65
65-
t ḥmk, Ta ḥmak: Adam ady (s. 204)
Bu söz Türkmen dilindäki „Tokmak“ sözüne gabat
gelŷär. Bilşimiz ŷaly bizde „Gylyç“, „Galkan“, „Palta“
ŷaly gurallary adam ady üçin hem ulanylŷar. Beliki bu at
hem şeŷle däp esasynda „Tokmak“ sözüniň adam ady
üçin ulanylmagydyr.
-66
66-
trşpk, tirşfak: Turşan çakyr, sirke
(s. 204)
Bu sözüň „turşy“, „türşek“ ŷaly sözler bilen bir
kökdenligi ap-açyk duŷulyp duwr.
-67
67-
tyry, Tir: 13-nji günüň ady (s. 204)
Bu at „diri“ sözüne gabat gelŷär. Diri söz Sumer dilinde
„ti“ we gadymy türkçede bolsa „tir“, „tiri“ we „tirig“
görnüşlerinde bar.
-68
68-
tyrybm, tyrbm, Tir(i)bam: Adam ady
Bu atda-da „diri“ sözi bar.
(s. 204)
-69
69-
wʼsdtk, Wasdatak (?): Adam ady (s. 205)
Bu adyň başynda „Was“ sözi bar, belki-de „Wasly“ ŷa-da
şoňa meňzeş manyny aňladandyr.
-70
70-
(wh)kn(t), Wahkant: Oba ady (s. 205)
246
Bu sözi „Waskent“ görnüşinde-de ŷazmak mümkindir.
Bu sözüň düzüminde Türk diline degişli „Kent“ sözüniň
bolmagy örän manylydyr, Taşkent, Samarkant,
Çimkent… ŷaly.
-71
71-
wrşk, Warçak: Adam ady (s. 205)
Bu ada ŷakyn, Türkiŷede „Warsak“ Owganystanyň
türkmen welaŷetinde „Marçak“ ŷaly ŷurt atlary bar.
„Warra“ Türkmen adam ay-da bar.
-72
72-
wys, Wes: Adam ady (s. 206)
„Weŷs“ Türkmenlerde giňden ulanylŷan atlardan bolup,
beŷleki birnäçe atlar ŷaly bu at hem Part döwründen
galan bolmaly. Başga dillere terjime edilen „WeŷsRamin“ dessanynyň hem Part döwründen galandygy
hakynda çaklamanyň hem dogrylygyny bu Part ady
subut edŷär.
-73
73-
y ḥyt, yhyt nidat (?): Ŷygnamak, üŷşürmek (s. 207)
Bu sözi „ŷygyt“ görnüşünde ŷazanymyzda „ŷygmak“ we
„ŷygnamak“ sözlerine gabat gelŷär, onuň „ŷyg“ sözünden
gelip-çykan bolmagy mümkindir.
-74
74-
ytlw: Uzaklaşdyrmak (s. 207)
Bu sözi „itlw“ görnüşinde-de ŷazyp bilŷäris we onuň „it“
(itmek, itermek) sözünden gelip-çykandygy duŷulŷar.
B. Gerey, Berlin 10/07/2007
247
Edebiýat
Änewiñ Gadymy Ösüşi, Rafael
redaksiýasy bilen, Aşgabat-2004, s. 29-33
1-
Pumpelliniñ
2 - A. Von Gabon: „Eski türklerin gerameri“ Ankara-1993.
3 - Ahmet Jaferoglu: „Türk dili taryhy“ Istanbul-1984.
4 - Annageldi Gubaýew: „Diýar ţurnaly“ Aşgabat-1996-1011(taryh).
5 - Arminus Vambery, „Das Turkenvolks“ OSNABRÜCK1970.
6 - A. Vambery, “Etimologische Wörterbuch der Turko-
Tataischen” Leipzig-1878
7
A.
Vambery
„Geschichte
Bochara´s
oder
Transoxaniens…“ Stuttgart-1872.
8 - B. Gerey: „5,000 ýyllyk Türkmen-Sumer Baglary“
Istanbul-2004.
9 - Fahrettin KIRIZLIOGLU, Akdeniz Üniversitesi,
Antalya-1993. Sempoziyum makalalary
10 - Faruk Sumer: “Oguzlar(Türkmenler)” Istanbul-1980.
11 - Fatima Mernisi: „Soltan hanymlar“ Istanbul-1992.
12 - G. Kyýasowa, “Gadymdan galan nusgalar”, Miras
jurnaly 4/2003
13 - Hasan, Pirniýa „Taryhe Irane bastan“ Tähranbirinji tom, s. 113-114
14 - “Herodot” , Neun Bücher Der Geschichte, Essen1990, s. 305 / 71-nji bölüm
15 - Jäwade Heý-et: “Türklerin taryh we kulturyna bir
bakyş” Tähran-1999.
16 - Jean-Paul Roux: “Türklerin taryhy, Böyük Okýanusdan
Akdenizde, iki bin yil” Milliýet yayini-1989.
17 - J. Rawlinson, M.A. “Sixth Great Oriental
Monarchy” London-1871
18 - Hübner & Reizammer 1987, Inim Kiengi 3, s. III.
Marktredwitz
19 - I. M. Diakonof: „Taryhe Mad“ Tähran-1999.
20 - “Ilat we Aşaýyr” Tähran-1984, Agah neşriýaty.
248
21 - Ilhami Durmuş, „ISKITLER (Sakalar)“, Ankara-
1993
22 - Ismet Parmaksyzogly-Ýaşar Çaglaýan: “Genel Taryh”
Ankara-1976.
23 - Kamuran Gürün: “Türkler we türk dewletleri taryhy”
1982.
24 - “KARŞILAŞTIRMALY Türk Lehçeleri Sözlügü”
Ankara-1992
25 - K. Grönbech „Türkçenin Yapisi“ Ankara-1995
26 - K. Matweew, A. Sazonow „Zemlýa Drewnego
Dwureç-ýa“ Moskwa-1986
27 - Lasazlo RASONYI: „Taryhda türkler“ Ankara-1988.
28 - Levon Panos Dabagýan „Türkiye Ermenileri Tarihi“
Istanbul-2003
29 - Muhammedhasanhan E-temados-sältäne: „Dorärättijan
fi taryhy Beni Äşkan“ Tähran-1371 şemsi.
30 - Muhammedjäwad, Mäşkur “Iran där ähde bastan”
Tähran-1985, s. 115
31 - Muhammedtagy Zehtabi(Kirşçi): „Iran Türklerinin eski
taryhy“ Tähran-1998.
32 - Nazar Gulla: „Gadymdan galan nusgalar“ Aşgabat-1986.
33 - N. Rosliakow: „Türkmen halkynyň gelip çykyşy“
Aşgabat34 - R. Girshman: „Iran äz agaz ta islam“ Tähran-1350
şemsi(1971).
35 - Rahym Reýisniýa: „Azerbaýjan där seýre taryh“ 1-nji
jild, Tebriz-1990.
36 - Sandor Scöke: „The sumerian and Ural-Altaic elements
in the old slavic Lanuage“ München-1979.
37 - Selahi Diker „Türk Dilinin Beş Bin Ýyly“ Istanbul-
2000
38 - Ser Persi Saýks: „Taryhe Iran“ Tähran-1372 şemsi.
39 - Sobhi Paşa: „Täkmolätol-ebär“ Istanbul-1864.
40 - Soltanşa Atanýaz: „Şejere“ Aşgabat-1994.
41 - Talat Tekin “Orhon Yzytlary” Istanbul-2003
42 - „Taryhe Herodot“(Herodotyň Taryhy), Tähran-1965.
249
43 - „Türk Tarihinde Ermeniler“, Ankara-2001
44 - „TSSRiň Taryhy“ 1-nji tom, Aşgabat-1959.
45 - Vadim M. Masson „Das Land der tausend Städte“
München-1987
46 - „Warlyk neşriýesi“ Tähran-1998 paýiz -güýz- .
47 - Wiktor Sarianidi: „Gadymy Garagumyň beýik
medeniýeti“ Türkmen medeniýeti ţurnaly, Aşgabat-1994-1.
48 - Wiktor Sarianidi, “Goňurdepe, şalaryň we
hudaýlaryň şäheri”. Aşgabat-2005
49 - W. Sarianidi, „Marguş“, Aşgabat-2002
50 - Wilh. Thomsen: „Orhon we Yenisey yazitlarinin
çözümi“ Ankara-1993.
51 - Will Durant „Kulturgeschichte der Menschheit“
Köln-1985, s. 109-110
52 - Ýylmaz Öztuna: „Başlangyçdan zamanymyza kadar
böýük Türkiýe taryhy“ Istanbul-1977.
53 - Parthian Economic Dokuments from Nisa, Txts I-V,
By I. M. Diakonoff and V. A. Livshits Edited bay D. N.
MacKenzie, A. N. Baden and N. Sims-Williams.
LONDON-1977-2001
54 - Parthian Economic Doguments from Nisa
„PLATES“ I-V, By I. M. Diakonoff and V. A. Livshits
Edited bay D. N. MacKenzie, A. N. Baden and N. SimsWilliams. LONDON-1976-1999

Benzer belgeler