GOLLANMA

Yorumlar

Transkript

GOLLANMA
TÜRKMENISTANYŇ OBA HOJALYK MINISTRLIGI
S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY
TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETINIŇ
YLMY-BARLAG EKERANÇYLYK INSTITUTY
ÜZÜMI ÖSDÜRIP
ÝETIŞDIRMEK BOÝUNÇA
GOLLANMA
1
UOK 634.8
No. 99
Syn ýazanlar:
O.Annabaýew - Azyk senagat assosiasiýasynyň miwe-gök
önümlerini öndürmek, taýýarlamak we
gaýtadan işlemek boýunça esasy alyp
baryjy bölümiň başlygy.
B.N.Agalykowa - S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Bagbançylyk we
gök ekerançylyk kafedrasynyň uly
mugallymy.
No. 99 Üzümi ösdürip ýetişdirmek boýunça gollanma. - Aşgabat:
Ylym,2009.-44sah.
Gollanmada soňky ýyllarda Ylmy-barlag ekerançylyk
institutynda geçirilen ylmy-barlaglaryň we önümçiligiň öňde
baryjylarynyň tejribeleri esasynda üzümi ösdürip ýetişdirmek
boýunça maslahatlar berilýar.
Maslahatda Türkmenistanyň dürli toprak-howa şertlerine
baglylykda üzüm ösdürilip ýetişdirilende agrotehniki çareleriň
geçirilmeli möhletleri, kadalary gysgaça beýan edilýar.
Gollanma oba hojalyk ulgamynda zahmet çekýan
hünarmenler, hususy ýer eýeleri, karendeçiler, ýokary okuw
mekdepleriniň talyplary we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilip
neşir edilýar.
TDKP No.183
KBK No. 42.16
© "Ylym" neşirýaty, 2009.
© Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi, 2009.
2
GIRIŞ
Ho r mat l y
P re zid en timi z
G u r b a n gu l y
Berdimuhamedowyň oba hojalyk pudaklaryny düýpgöter
özgertmek, taze sepgitlere ýetirmek, galkyndyrmak
hakyndaky Kararlary we çözgütleri kabul etmegi tutuş
ýurdumyzyda, esasan hem, agrosenagat toplumynda uly
ynam, galkynyş döretdi.
Biziň ýurdumyz medeni üzümiň gelip çykan gadymy
ojaklarynyň biri hasaplanýar. Taryhyny gadymyýetden alyp
gaýdan üzümi ösdürip ýetişdirmegiň daýhançylygy
asyrlardan-asyrlara geçip, türkmen daýhanlarynyň
tejribeleri we ýiti zehinleri tarapyndan kamilleşipdir hem-de
halypa - şagirtlik ýoly bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Yurdumyzda üzümi ösdürip ýetişdirmek kesbi-kariniň öran
gadymdan gaýdanlygynyň janly şaýatlarynyň biri hökmünde
ýerli türkmen üzümleriniň 50-a golaý sortlaryny görkezmek
bolar.
Biziň ýurdumyzda hazirki döwürde üzümçilik pudagy
öran girdejili pudak bolmagynda galýar. Ýurdumyzyň
tebigy-howa şertleri üzüm ösdürip ýetişdirmek üçin,
esasan-da howanyň temperaturasy we guraklygy boýunça
dünýa belli üzüm öndürijiler bolan Kaliforniýadan (ABŞnyň ştaty), Fransiýadan we Italiýadan hem amatlydyr.
Dünýa ummanlarynyň daşlygy b u ýer de to msun a p e s
çy gl y we ýo ka r y temperaturaly kontinental
howanyň bolma gyna ýardam
edýar.
Üzüm
bagynyň öran köp talap edýan ýokary ýylylygynyň we
ýagtylygynyň bollugy (işjeň temperaturanyň jemi 5600'C),
üzüm zyýankeşi bolan fillokseranyň ýoklugy, tomus
aýlarynyň guraklygy Türkmenistany üzüm ösdürip
ýetişdirmek üçin iň amatly ýurda öwürýar.
Hazirki wagtda ýurdumyzda üzümiň esasy 2 sany
3
sorty - Terbaş hem-de Aşgabat gara üzümi giňden
ýaýrandyr. Ir bişip ýetişýan sortlar bolsa ahli meýdanyň diňe
1 %-ini tutýar we ol sortlara Gara halili, Ak halili, Gara jigi-jigi
ýaly sortlar degişlidir.
Taze üzümçilik meýdanlarynyň düýbi tutulanda
üzümiň dürli wagtda bişýan, gowy hojalyk alamatly,
gurakçylyga çydamly hem-de kesellere we zyýankeşlere
durnukly sortlaryny saýlap almak zerurdyr. Şeýle sortlara irki
möhletlerde bişip ýetişýan Ýubileý kişmişi, Garrygala
kişmişi, irki-aralyk möhletlerde ýetişýan Gara kişmiş,
aralyk möhletde ýetişýan Ak kişmiş, Kişmiş batyr, WIR
kişmişi, Hişraw kişmişi, Jenjel gara, giçki möhletde
ýetişýan Gyrmyzy taýfy, Ak taýfy, Giçki Wawilow sortlary
degişlidir. Olaryň hemmesi önümçilige ornaşdyrylan
sortlar bolup, hasyllylygy 110-250 s/ga ýetýar.
Üzüm sortlaryny şu aşakdaky gatnaşyk boýunça
ekmeklik maslahat berilýar: irki-aralyk-20%, aralyk-30% we
giçki möhletde bişýan-50%.
Markaly, azyklyk we şampan çakyrlaryny öndürmek
üçin Gyrmyzy muskat, Ak muskat, Rkasiteli, Risling,
Gyzyl sapak, Hindogny sortlaryny, desertlik çakyr
öndürmek üçin Krasnostop zolotawski, Wişnýowyý
sortlaryny, çakyrlara reňk bermek üçin bolsa Saperawi,
Maýskiý çýornyý sortlaryny ekmek maslahat berilýar
4
Ýurdumyzda giňden ekilýan üzüm sortlarynyň
agrobiologiki we hojalyk alamatlarynyň hasiýetnamasy
Terbaş - ýurdumyzda iň köp ekilýan ýerli türkmen
sorty. 01 ýurdumyzda ekilýan ahli üzüm meýdanynyň 50%-ni
tutýar.
Güli iki jynsly. Hoşasy aralyk ululykda, kahalatlarda
uly (18-20 sm uzynlykda) giň konus şekilli, aralyk ýa-da
5
selçeň dykyzlykda. Miwesi aralyk ululykda, togalak ýa-da
çala süýrgült, ýaşylymtyk-ak reňkli. Miwe gabygy galyň,
miwesi etlekden suwly, ýiti süýji tagamly.
Terbaş aralyk möhletde bişip ýetişýan, köp maksatly
azyklyk hem-de çakyr ýasalýan sortdur.
Miwesi iýul aýynyň başyna bişip başlaýar, awgust
aýynyň aýagyna - sentýabr aýynyň başyna doly bişip
ýetişýar. Hasyllylygy-250-270 s/ga. Hoşasynyň ortaça
agramy-204 gr. Hasyl çybygynda hoşalaryň sany-1,5.
Terbaş Orta Aziýa üzüm sortlarynyň içinde aňzakly
sowuga öran durnukly sortlaryň biridir. Oidium (çaňlama)
keseli bilen gowşak keselleýär.
Aşgabat gara üzümi - ýurdumyzda giňden ýaýran
6
sortdur. Ekilen meýdany boýunça Terbaşdan soň ikinji
ýerde durýar. Güli iki jynsly. Hoşasy aralyk ululykda, konus
şekilli, aralyk dykyzlykda ýa-da dykyz. Miwesi aralyk
ululykda ýa-da iri, togalak, gara-gyzyl reňkde. Miwesi
galyň gabykly, emma berk däl, etlekden şireli, süýji
tagamly, iýul aýynyň aýagyna bişip başlaýar, sentýabr
aýynyň ortalaryna doly bişýär. Hasyllylygy örän ýokaryher gektardan 380 sentnere çenli hasyl berýär. Hoşasynyň
agramy ortaça 240 gr. Hasyl çybygynda hoşalaryň sany 1,5.
Sowuga dumukly, emma Terbaş sortundan pes.
Aşgabat gara üzümi desertli hem-de azyklyk çakyry
öndürmek üçin örän ýaramly sortdur. Şonuň bilen birlikde
terligine iýmek üçin hem-de guradyp kişmiş almak üçin
ýaramly köp maksatly sortdur.
Ak taýfy - ýurdumyzda giňden ekilýän, giçki
möhletlerde bişip ýetişýän üzümiň azyklyk sortudyr. Güli
iki jynsly, hoşasy iri, konus şekilli, kähalatlarda ýokarky
bölegi ganatlanýan, aralyk dykyzlykda ýa-da selçeň.
Miwesi iri, süýrgült-tokga, açyk ýaşyl reňkli. Miwe
gabygy galyňdan berk. Miwesi etlek, dykyz, şireli, süýji
tagamly, awgust aýynyň aýagyna bişip başlaýar, sentýabr
aýynyň ortalaryna doly bişýär.
Hasyllylygy ýokary, beýik sütünli, giň hatar araly,
ýelpewaç görnüşli şekil berlen, idegi ýeten üzüm
meýdanlarynda hasyllylyk 300-400 s/ga ýetýär. Sort uzak
aralyga alyp gitmäge we sowadyjylarda uzak möhletleýin
saklamaga örän ýaramly, esasan, ter görnüşinde iýilýär we
guradylyp, kişmiş edilýär. Sowuga durnuklylygy pes.
Oidium (çaňlama) keseli bilen keselleýär.
7
Gyrmyzy taýfy - giçki möhletde bişip ýetişýän
üzümiň azyklyk sortudyr.
Güli iki jynsly. Hoşasy iri, gapdala şahalanýan, giň
konus şekilli, aralyk dykyzlykda. Miwesi iri, süýrgültsilindr şekilli, gün düşýän tarapy gyrmyzy reňkli, kölege
tarapy sarymtyk-ýaşyl reňkli. Miwe gabygy galyňdan berk,
miwesi etlekden dykyz, şireli. Miwesi awgust aýynyň
aýagyna bişip başlaýar, sentýabryň başyna doly bişýär.
Hasyllylygy ýokary, beýik sütünli, giň hatararaly,
ýelpewaç görnüşli şekil berlen, idegi ýeten üzüm
meýdanlarynda hasyllylyk 300-400 s/ga ýetýär. Sort uzak
aralyga alyp gitmäge we sowadyjylarda uzak
8
möhletleýin saklamaga örän ýaramly, esasan, ter
göraüşinde iýilýär we guradylyp, kişmiş edilýär. Sowuga
durnuklylygy pes. Çaňlama keseli bilen keselleýär.
Iri nohur - aralyk möhletde bişip ýetişýän üzümiň
ýerli türkmen sorty. Güli iki jynsly. Hoşasy aralyk ýa-da
iri, konus şekilli, aralyk dykyzlykda. Miwesi örän iri,
ýumurtga şekilli, sary reňkli. Miwe gabygy ýuka, berk.
Miwesi etlekden dykyz, süýji tagamly, iýul aýynyň
ahyryna bişip başlaýar, awgustyň aýaklaryna doly bişip
ýetişýär.
Hasyllylygy ýokary-200 s/ga. Sort ter görnüşinde
iýilýär we guradylyp kişmiş edilýär. Sowuga
durnuklylygy ýokary. Çaňlama keseli bilen keselleýär.
Ak husaýne (Gelin barmak) - aralyk möhletde
bişip ýetişýän üzümiň azyklyk sorty.
Güli iki jynsly. Hoşasy iri, şahalanýan, konus şekilli,
selçeň ýa-da aralyk dykyzlykda. Miwesi iri, silindr
şekilli, süýri. Sarymtyk ýaşyl reňkli. Miwesi etlek,
dykyz, şireli. Miwe gabygy ýuka. Miwesi iýun aýynyň
ahyryna bişip başlaýar, awgustyň ortalaryna doly bişýär.
Hasyllylygy ýokary-100-150 s/ ga. Bir hasyl
çybygynda hoşanyň sany-1,1. Bir hoşanyň ortaça
agramy-300 gr. Çaňlama keseline we sowuga
dumuklylygy pes. Uzak aralyga alyp gitmäge ýaramsyz.
Içkimar - aralyk möhletde bişip ýetişýän
Özbegistanyň azyklyk sorty.
Güli bir jynsly, ýagny enelik jynsly. Atalyk jynsy
tohumlandyrmaga ukypsyz. Şol sebäpli ekilende
hökmany suratda gapdalyndan iki jynsly üzüm sortlaryny
ekmek zerurdyr. Hoşasy aralyk ululykda, kähalatlarda iri,
konus şekilli, aralyk dykyzlykda.
Miwesi iri ýa-da örän iri, süýrüden tokga, gyzyl
reňkli. Miwesi etlek, örän dykyz, şireli. Miwe gabygy
galyňdan berk. Miwesi iýul aýynyň aýagyna bişip başlaýar,
9
awgustyň ortalaryna doly bişip ýetişýär.
Hasyllylygy ýokary-170-270 s/ga. Çaňlama keseli
bilen keselleýär, sowuga durnuklylygy ýokary. 01 üzümiň
azyklyk sorty bolup, esasan ter görnüşinde iýilýär.
Gyzyl sapak - aralyk-giçki möhletde bişip ýetişýän
üzümiň türkmen sorty. Güli iki jynsly. Hoşasy aralyk,
kähalatlarda iri, silindr-konus şekilli, ýokarky bölegi
ganatlanýan, dykyz.
Miwesi aralyk ululykda, süýrgült, ak reňkli, suwly,
miwe gabygy ýuka, berk däl. Miwesi awgust aýynyň
ortalaryna bişip başlaýar, sentýabryň başynda doly bişýär.
Hasyllylygy 150-180 s/ga. Sort çaňlama keseli bilen
keselleýär, sowuga dumuklylygy ýokary. 01, esasan, çakyr
öndürmek üçin ulanylýar hem-de terligine iýilýär.
Gara kişmiş - irki-aralyk möhletde bişip ýetişýän
üzümiň bidäne sorty. Güli iki jynsly. Hoşasy aralyk
ululykda ýa-da iri, konus şekilli, ýokarky bölegi
ganatlanýan, aralyk dykyzlykda, kähalatlarda dykyz.
Miwesi süýrgült, aralyk ululykda, gara reňkli, etlek,
dykyz, şireli. Miwesiniň tagamy örän gowy, süýjüligi
ýokary. Sort iýul aýynyň ortalaryna bişip başlaýar,
awgustyň ortalaryna doly bişýär.
Hasyllylygy ýokary. Idegine laýyklykda 150-250
s/ga berýär. Bir hasyl çybygynda hoşanyň sany-1,2. Bir
10
hoşanyň ortaça agramy-150 gr. Çaňlama keseli bilen
keselleýär, sowuga durnuklylygy pes.
Sort, esasan, terligine iýilýär we ondan ýokary hilli
guradylan önüm taýýarlanylýar.
Ak kişmiş - aralyk möhletde bişip ýetişýän üzümiň
bidäne sorty. Güli iki jynsly. Hoşasy aralyk, silindr-konus
şekilli, ýokarky bölegi ganatlanýan, aralyk dykyzlykda.
Miwesi ownuk, togalak, kähalatlarda süýrgült,
ýaşylymtyk-sary reňkli. Miwesi etlek, dykyz, şireli, süýji
tagamly. Miwe gabygy ýuka. Miwesi iýulyň başyna bişip
başlaýar, awgust aýynyň başyna doly bişýär.
Hasyllylygy ýokary. Idegi ýeten ýerinde hasyly 150-200 s/ga
ýetýär. Bir hasyl çybygynda hoşanyň sany-1,3. Bir hoşanyň
ortaça agramy-180-230 gr. Sowuga durnuklylygy pes. Sort
11
terligine iýmek üçin hem-de ýokary hilli kişmiş bolan Altyn
sabza, Soýagi öndürmek üçin ulanylýar.
Ak halili - üzümiň irki möhletlerde bişip ýetişýän
azyklyk sorty.
Güli iki jynsly. Hoşasy aralyk ululykda, konus ýa-da
silindr-konus şekilli, ýokarky bölegi ganatlanýan, selçeň
dykyzlykda.
Miwesi aralyk ululykda, süýrgült, ýaşylymtyk-ak
reňkli, etlek, dykyz, süýji tagamly, miwe gabygy ýuka.
Miwesi iýun aýynyň başyna doly bişip ýetişýär.
Hasyllylygy-125 s/ga. Bir hoşanyň ortaça agramy 130
gr. Bir hasyl çybygynda hoşalaryň sany-1,3- Sowuga
dumuklylygy aralyk. Çaňlama keseli bilen keselleýär. Sort ter
görnüşinde iýilýär.
Gara halili - irki möhletlerde bişip ýetişýän ýerli
türkmen sorty. Güli iki jynsly. Hoşasy iri, silindr ýa-da
konus şekilli, köplenç halatlarda ýokarky bölegi
ganatlanýan, dykyz.
Miwesi iri, süýrgültden tokga, kähalatlarda silindr
şekilli, goýy gyzyl reňkli, etlek, dykyz şireli. Miwe gabygy
galyň. Miwesi iýun aýynyň aýagyna bişip başlaýar, iýul
aýynyň ikinji ongünlüginde doly bişip ýetişýär.
Hasyllylygy 190 s/ga. Bir hoşanyň ortaça agramy 480
gr. Bir hasyl çybygyndaky hoşalaryň sany-0,6. Sowuga
durnuklylygy ýokary, çaňlama keseli bilen keselleýär.
Üzümiň azyklyk sorty bolup, ter göraüşinde iýilýär.
Üzüm ekiljek ýerleri taýýarlamak
Üzüm ekmek üçin ýerasty suwlary 1,5-2 m, duzly
ýerasty suwlary bolsa azyndan 3 m çuňlukda ýerleşen
topraklar amatly hasap edilýär.
12
Ýerleri taýýarlamagy iki taraplaýyn tekizleýiş
işlerini geçirmekden başlamaly we gektara 30-40 t çüýrän
ders, 600 kg superfosfat, 100 kg hlorly kaliý dökmeli. Bu
işler geçirilenden soňra 50-60 sm çuňlukda çuň sürüm
geçirmeli we sürlen ýerleri ýene-de tekizlemeli.
Taýýarlyk işleri geçirilenden soňra ýerler deň
böleklere-atyzlarabölünýär(5 ga we 1 ga).
Atyzlar üzümiň hatarlaryna we düýp aralaryna
bölünende üzüm bagynyň topraga we gün şöhlelerine bolan
islegini doly kanagatlandyrar ýaly we hatararalaryny MTZ-80
traktorlary bilen bejerer ýaly 4x2 m, çägesöw ýerlerde bolsa
3x2 m çyzgyt boýunça ekmeklik maslahat berilýär.
Üzüm nahallaryny oturtmak
Üzüm nahallaryny Ahal, Balkan, M ary
welaýatlarynda we Lebap welaýatynyň günorta
etraplarynda güýzde 20-nji noýabrdan 10-unjy dekabra
çenli we ýazda mart aýynda ekmekligi, Lebabyň
demirgazyk etraplarynda we Daşoguzda 20-nji martdan 5-nji
aprele çenli ekmeklik maslahat berilýär.
Nahallary oturtmazdan öňürti ilki oňat gözden
geçirmeli we çybyklary, kökleri ejiz ýa-da keselli
13
nahallary aýyrmaly. Nahallarda uzynlygy 40-45 sm bolan,
ýogynlygy 2 mm-den pes bolmadyk kökleriň azyndan 7-si
bolmalydyr. 01 kökler ekilende 12-14 sm uzynlykda
kesilýär. Ekilenden soňra nahallaryň ýerden ýokardaky
böleginde güýçli Ösen bir şaha goýlup, ol 2-3 bogundan
kesilýär. Galan şahalary düýbünden kesilip aýrylýar.
Oturtmazdan öň nahallaryň kökleri ýanmadyk ders we
toýunly toprakdan (1:1) taýynlanan palçyga batyrylýar ýada akar suwda 10-12 sagatlap saklanylýar.
Nahal oturdylýan çukuryň çuňlugy 40-50 sm, ini
bolsa 40-45 sm bolmaly. Her çukura nahal oturtmazdan
öňürti 1,5-2 kg dersi toprak bilen garyp guýmaly we
nahallaryň köküni çukuryň düýbünde endigan ýerleşdirip,
çukury gömýärler. Oturdylan üzümiň düýbüni depgiläp,
ýene-de üstüne toprak sürmeli. Nahallar oturdylyp, 1-2 gün
geçenden soňra düýp alyş suwuny gektara 500-600 m3
mukdarda we şondan 7-8 gün geçenden soň, ikinji
berkidiş suwuny 800 m3/ga mukdarda tutmaly. Ösüşiň ikinji
ýylynda oturdylan üzüm nahallarynyň gapdalyndan direg
agaç bölegini ýere 35-40 sm çuňlukda kakmaly, onuň
14
ýerüsti böleginiň uzynlygy 120-130 sm bolmaly. Oňa üzüm
agajynyň sütünini emele getirjek güýçli ösen üzüm şahasy
daňylýar.
Demir-beton sütünleri dikmek. Önümçilik
şertlerinde demir-beton sütünleri dikmek we simleri
çekmek işlerini üzüm ekilenden soňra ikinji ýylyň mart
aýynyň başyna çenli tamamlamaly. Sütüniň beýikligi 2,3 m,
kese ölçegleri 10x10 sm bolmaly. Sütünler 60 sm çuňlukda
her 6 metrden dikilýär.
Dikilen sütünlerden goşalaýyn simleriň 3 hatary
geçirilýär. Simleriň ýogynlygy 3 mm bolmaly. Eger-de, 5 mm
ýogynlykdaky sim ulanylýan bolsa, onda ýeke simden hem
geçirmek bolar. Geçirilen simleriň ýerden beýikligi şu
aşakdaky ýaly bolmalydyr: birinji hatar 120-130 sm; ikinji
hatar 140-150 sm; üçünji hatar hem 170-175 sm.
Ýaş üzüm agaçlaryny kesip timarlamak we
olara şekil bermek
Ösüşiň birinji ýylynda şahalary gyrkmak ýa-da
daňmak işleriniň hiç birini hem geçirmek bolmaýar. Üzüm
nahallary erkin ösmelidir.
Ösüşiň ikinji ýylynda mart aýynda üzüm
çybyklarynyň diňe birinden galany kesilýär. 01 hem 2-3
bogna çenli gysgaldylýar. Ösüş döwründe uzynlygy we
ýogynlygy boýunça güýçli ösen üzümiň gök baldagy direg
agajyna daňylýar. Daňmaklygy her 10-15 günden gaýtalap
ösüşiň ahyryna çenli 4-5 gezek geçirmeli. Sütün üçin
goýlan baldagyň uzynlygy 120 sm ýetende, ýokarky iki
gapdal baldakdan üzüm gollary goýlup, olaryň uzynlygy
20-25 sm ýetende birinji sime daňylýar. Sütün üçin goýlan
baldagyň uzynlygy 140 sm beýiklige ýetende, ýene-de 2
sany gapdal baldaklardan gollar goýlup, olar hem öz
gezeginde ikinji sime daňylýar.
15
Şeýlelikde, ösüşiň ikinji ýylynda 120-140 sm
uzynlykda sütüni, 70-80 sm uzynlykly 3-4 sany golly we
12-16 sany goldan çykan ikinji derejeli gapdal çybyklary
bolan üzüm düýpleri ýetişdirilýär.
Ösüşiň üçünji ýylynda mart aýynda üzüm düýbüniň
her golunda 4-5 sany çybyk goýmaly we olary üç bogundan
kesmeli.
Ösüşiň dördünji ýylynda mart ayynda üzüm
çybyklary hasyl toplumy görnüşinde kesilýär. Ýagny 4-6
bogundan ybarat hasyl çybygy we onuň aşak ýanynda 2-3
bogundan ybarat bolan çalşyrgyç çybygy görnüşde
kesilýär. Her golda üzüm agajynyň gurplulygyna
baglylykda 4-5 sany hasyl toplumyny goýmaly. Geljek
ýyllar hasyl çybygyny düýbünden kesip aýryp, çalşyrgyç
çybygyndan çykan çybyklar bolsa hasyl toplumy
görnüşinde kesilip goýulýar.
Daşoguz welaýatynda we Lebabyň demirgazyk
etraplarynda üzüm düýplerine sütünsiz köp golly ýelpewaç
şekili berilýär. Şonda üzüm düýpleri birtaraplaýyn
ýap gyt şekilde ösdürip ýetişdirilse üzümi gömmek
üç in ör än am atl y bol ýa r. Üz üm e kil end e bir inj i
ýyly güýçli ösen iki çybyk goýlup, olar 2 bogundan
kesilýär. Ösüşiň ikinji ýyly güýçli ösen çybyklardan 4-5
sanysy galdyrylyp, 80 sm uzynlykda kesilýär we ýelpewaç
görnüşinde aşaky simlere daňylýar. Goýlan çybyklar üzüm
gollaryny emele getirýärler. Ösüşiň üçünji ýylynda üzüm
gollaryndan çykan çybyklary hasyl toplumy görnüşinde
kesmeli. Bu işi geçirmegiň amatly möhleti: ýurdumyzyň
günorta etraplarynda 1-nji dekabrdan 20-nji marta çenli,
demirgazyk etraplarynda bolsa 1-nji noýabrdan 30-njy
noýabra çenlidir.
16
Ýaş üzüm agaçlarynyň idegi
Oturdylan üzüm nahallarynyň 90-95%-niň düýp
tutmagyny gazanmak üçin, ekilenden soňra berilýän başky üç
suwy her 8 günden, galanlaryny bolsa her 12-15 günden
tutmaly. Ahal, Balkan, Mary welaýatlarynda üzüm
nahallarynyň ösüşiniň dowamynda: 1 ýyllyk üzüme 15-16
gezek, 2 ýyllyk üzüme 9 gezek,3 ýyllyk üzüme 5-6 gezek
800-900 m/ga mukdarda suw bermeli. Daşoguz, Lebap
welaýatlarynda: 1 ýyllyk üzüme 10-12 gezek, 2 ýyllyk
üzüme 7 gezek, 3 ýyllyk üzüme 4-5 gezek 500-600 mVga
mukdarda suw bermeli. Suwy üzüm hatarlaryndan 0,4-0,5
metr daşlykda, 18-20 sm çuňlukda çekilen suwaryş
joýalary boýunça tutmaly.
Üzüm baglarynyň hatararalaryny her iki suwdan
soňra 10-15 sm çuňlukda çizel bilen ýumşatmaly, üzüm
nahallarynyň düýplerini bolsa ösüş döwrüniň dowamynda 2
gezek pil bilen depip ýumşatmaly.
Ýaş üzümler dökün bilen iýmitlendirilende 3-4 ýyldan 3040 t/ga ders, mineral dökünlerden – superfosfat 500 kg/ga,
karbamid 200 kg/ga, hlorly kaliý 100 kg/ga berilýär. Şonda
fosforyň 75, azodyň 20 we hlorly kaliýniň 100%-i güýzki
sürümiň aşagyna, galan fosforyň 25%, azodyň 80%-i
ýazky sürümiň aşagyna dökülýär.
Üzümiň hatararalarynyň topragyny ýazda mart
aýyndan aprel aýynyň birinji ongünlügine çenli, güýzde
bolsa oktýabr-noýabr aýlarynda PRWN-3 azaly bilen 20-25
sm çuňlukda sürüp agdarmaly.
17
Ikinji ýylyň mart aýynda düýp tutmadyk nahallaryň
ýerine sagdyn nahallar oturdylýar. Üçünji ýyldan başlap
düýp tutmadyk nahallaryň ýerine gapdalyndaky üzüm
agajynyň uzyn çybygy ulanylýar. Saýlanyp alnan çybygy
oturdyljak ýerine gönükdirip, 30-40 sm çuňlukda gazylan
çukura gömülýär hem-de ujuny çykarmak bilen taýyn
sütüni direg agajyna ýa-da sime dikligine daňylýar. Iki ýyl
geçenden soň, iki üzüm agajyny birikdirýän çybyk kesilip
aýrylýar.
Hasyl berýän üzüm agaçlarynyň idegi
Üzüm agaçlarynyň ösüşiniň dördünji ýyly olaryň
hasyl berip başlan ýyly hasaplanýar. Şol sebäpli, olaryň her
gektaryna 3-4 ýyldan bir gezek 40-50 tonna ders, mineral
dökünlerden 600 kg superfosfat, 250 kg azot, 100 kg hlorly
kaliý dökmek maslahat berilýär. Şonda fosfor we kaliý
dökünleriniň ähli mukdary, azodyň hem 1/3 bölegini
karbamid görnüşinde güýzki sürümiň aşagyna, azodyň
galan 2/3 bölegini ammiak selitrasy görnüşinde mart
18
aýynda, ýazky sürümiň öň ýanynda dökmeli.
Üzüm bagynyň hatararasy ýazda - 1-nji martdan 15nji aprele çenli, güýzde bolsa, oktýabr aýynyň ikinji we
üçünji ongünlüginde we noýabr aýynda PRWN-3 azaly
bilen 20-25 sm çuňlukda sürülýär.
Ösüş döwründe üzümiň hatararalary 2-3 gezek 10-15
sm çuňlukda çizel bilen ýumşadylýar.
Şeýle hem, üzümiň haşal otlaryna garşy gerbisidler
ulanylýar. Gerbisidlerden glifos ýa-da raundap gektara 6-8
litr mukdarda 20-nji martdan 5-nji aprel aralygynda üzümiň
hatararalaryndaky we düýplerindäki haşal otlara sepilse
örän gowy netije berýär.
Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynda hasyl berýän
üzüm agaçlaryny umumy mukdarda 6000 m3/ga suw
harçlamak bilen gyş aýlarynda üç gezek suwarmaly. Ony
suwaryş joýalary boýunça dekabr, ýanwar we fewral
aýlarynda bermeli. Eger-de, gyş aýlarynda her haýsy 2000
m3/ga mukdarda iki gezek suw tutulan bolsa, üçünji suwy
1000 m/ga mukdarda maý aýynyň ahyrynda-iýun aýynyň
başlarynda tutmak maslahat berilýär.
Daşoguz, Lebap welaýatlarynda 1 gezek 1500
m3/ga mukdarda gyş yzgar suwuny dekabr-ýanwar
aýlarynda tutmaklygy, ösüş suwuny bolsa maý aýynyň
ahyrynda-iýun aýynyň başlarynda 800 m3/ga mukdarda 1
gezek tutmaklyk maslahat berilýär.
Üzüm suwarylandan soňra hatararalarynyň topragy
taba gelende ç izel bilen 1 0 - 1 5 sm çunlukda
ýumşadylmalydyr. Bu işiň gijikdirilmegi topragyň
yzgar ynyň ýitme gine we üzümiň hasyllylygynyň
peselmegine getirýär.
Hasyl berýän üzümleriň ösüş döwründe gök
baldaklarynyň ýokary böleklerini kesip aýyrmak we
artykmaç, hasylsyz baldaklaryny düýbünden aýyrmak
19
işleri geçirilýär.
Üzümiň
hasylsyz
baldaklaryny düýbünden
aýyrmak işi üzümiň gök baldaklarynyň boýy 4-5 sm
ýetende, aprel aýynyň ahyrynda, ikinji gezek üzüm
baldaklary 12-15 sm ýetende maý aýynda geçirilýär.
Şonda üzümiň düýbünden, sütüninden we köpýyllyk
gollaryndan
çykan
baldaklar
hem-de
goýlan
bogunlardan çykan hasylsyz baldaklaryň artykmaçlary
düýbünden aýrylýar. 01 bolsa üzümiň gün şöhlelerini
ulanyşyny we howalanyşyny gowulandyryp, hasylly
baldaklaryň gowy ösmegini üpjün edýär.
Üzüm baldaklary ösüp, hatararalarynda tapyşanda
olaryň başlary çyrpylyp aýrylýar. Çyrpmak işleri iýulawgust aýlarynda üzümiň ösüş güýjüne baglylykda 2-3
gezek geçirilýär. Baldaklaryň başlary kesilip aýrylsa,
iýmit maddalarynyň üzüm hoşalaryna toplanyşy
güýçlenýär hem-de üzümiň ýagtylyk şertleri
gowulanýar. 01 bolsa üzüme keselleriň, zyýankeşleriň
zeper ýetirmesini peseldýär we ýokary hilli hasylyň
alynmagyna ýardam edýär.
Üzümi kesmek
Üzümçilikde geçirilýän agrotehniki çäreleriň iň
jogapkärlisi üzümi kesmekdir. Ony 1-nji dekabrdan başlap,
üzüm çybyklarynda suw hereketi başlaýança, ýagny 15-nji
marta çenli doly tamamlamaly. Gyşda howanyň sowuklygy
OC derejeden aşak düşende üzümi kesmek bolmaýar.
Üzüm kesilende hasyl toplumy görnüşinde kesilýär,
ýagny 2-3 bogundan ybarat çalşyrgyç çybygy we
onuň ýokary ýanyndan 4-8 bogundan ybarat hasyl
çybygy goýlup kesilýär. Soňky ýylda, geçen ýylky
20
goýlan hasyl çybygy düýbünden kesilip aýrylýar,
çalşyrgyç çybykdan çykan çybyklardan bolsa, hasyl
toplumy goýulýar. Ýerli sortlaryň köpüsi 8-10-unjy
bogunlardaky pyntyklardan has köp hasyl çybyklaryny
çykarýarlar. Şonuň üçin çybyklar üzümiň ösüş güýjüne
baglylykda gysga, aralyk, uzyn görnüşde kesilýär. Gysga
kesim 2-3 bogundan kesilip, ol, esasan, çalşyrgyç çybygyny
goýmak üçin ulanylýar. Aralyk kesim ösüş güýji gowşak
bolan üzüm sortlarynda (meselem, Terbaş üzümde) hasyl
çybygynda 4-6 bogun goýlup kesilýär. Ösüş güýji güýçli
bolan üzüm sortlarynda (meselem, Gara halilide) hasyl
çybyklary uzyn, ýagny 7-10 bogun goýulýar.
Üzüm düýpleriniň gyşyna gömülýän ýerlerinde
(Daşoguz welaýatynda we Lebabyň demirgazyk
etraplarynda) noýabr aýynyň ahyryna çenli kesimi
tamamlamaly. Şonda goýlan bogunlaryň sany köpräk
21
bolmaly, ýagny 4-6 sany hasyl çybykly (her hasyl çybyk 10-11
bogundan goýulýar) 3-4 sany üzüm gollaryny goýmaly.
Ondan soň üzüm 20-25 sm galyňlykdaky toprak
bilen gömülýär. Gömlen üzümleri açmaklyk: Lebap
welaýatynda martyň 2-3-nji ongünlüginde, Daşoguz
welaýatynda 25-nji martdan 10-unjy aprele çenli el güýji
bilen amala aşyrylýar.
Üstüniň topragy aýrylyp, açylan üzüm gollary
dikeldilýär we simlere daňylýar. Soňra döwlen, sowuk alan,
guran gollar we çybyklar kesilip aýrylýar. Uzyn goýlan
hasyl çybyklary 6-8 bogna çenli kesilip, gysgaldylýar.
Gyş paslynyň adatdakydan sowuk gelmeginiň
üzümlere täsiri
Howanyň aňzakly sowugyna üzüm agajynyň
durnuklylygy onuň sortuna, üzüm düýbüniň ýaşyna we
olara edilýän ideg işlerine baglydyr.
Ýurdumyzda senagat möçberinde ekilýän sortlaryň
içinde ýerli sortlaryň howanyň howply sowamagyna
durnuklylygy kawkaz, özbek we täjik sortlaryna garanyňda
has ýokarydyr. Olardan Terbaş, Aşgabat gara üzüm, Gyzyl
sapak, Sary üzüm, Halili sortlary has-da durnuklydyr.
Köpýyllyk maglumatlardan görnüşi ýaly, bu sortlar 710 günüň dowamynda howanyň sowuklygynyň -2OoC-a
çenli peselmegine döz gelýärler. Şeýle sortlara mysal edip,
ýurdumyzda giňden ekilýän özbek sorty bolan Içkimar
sortuny hem görkezmek bolar.
Aňzakly sowuga durnuklylygy pes sortlara Gyrmyzy
taýfy, Ak taýfy, Ak huseýne, Gara huseýne., Gara kişmiş
sortlary degişlidir.
Üzüm düýbüniň dürli bölekleriniň sowuga
22
durnuklylygy birmeňzeş däldir. Ýapragyň goltugyndan
çykyp, gyşlaýan üzüm pyntyklary 3 bölek bolup, olaryň
merkezinde hasyl pyntyk, iki gapdalynda bolsa, ätiýaçlyk
pyntyklary bolýar. Merkezdäki hasyl pyntygyň sowuga
durnuklylygy ätiýaçlyk pyntyklara garanyňda gowşak
bolýar. Şol sebäpden, merkezi pyntygy sowuk uran
halatynda, gapdal-ätiýaçlyk pyntyklardan baldaklar emele
gelýär, emma olar, köplenç, hasylsyz bolýarlar.
Üzüm agajynyň köpýyllyk gollary we sütüni
howanyň aňzakly sowugyna has durnukly bolýarlar. Şol
sebäpli üzüm pyntyklaryny sowuk uranda, olary
düýbünden kesip aýyrmak nädogrydyr. Üzüm agajynda
ilkinji nobatda bişmedik ýa-da doly bişip ýetişmedik
çybyklaryny sowuk alýar. Eger-de, howanyň howply
sowamasy -20°C-dan aşak düşen ýagdaýynda, sortuna we
edilen idegine baglylykda üzüm agajynyň birýyllyk we
köpýyllyk gollaryna uly zyýan ýetýär. Aňzakly sowukda
howanyň aýazynyň -25-32°C-a ýetmegi, üzümiň ýerden
ýokarky bölegini sowugyň doly urmagyna getirýär. Şeýle
ýagdaýlarda-da ýerli sortlardan Terbaş, Aşgabat gara üzümi
ýaly sortlaryň gowy ideg edilen meýdanlarynda aňzakly
sowugyň garşysyna göreş çäreleri geçirilse, olar her
gektardan 25-30 sentner hasyl bermäge ukyplydyr.
Aňzakly gyşda üzüm agajynyň ýeriň üstündäki
bölegini sowuk ursa-da, olary düýbünden kesmäge
howlukmaly däldir. Şeýle ýagdaýda üzüm ýeriň
aşagyndaky sütüninde ýatan pyntyklardan täze baldaklary
çykarýar. 01 baldaklara direg hökmünde sowuk uran üzüm
sütünini ulanmak örän ýerlikli bolar. Sowuk üzüm
pyntyklaryny we birýyllyk çybyklaryny uran bolsa, onda
köpýyllyk gollardaky hem-de üzüm sütünindäki ýatan
pyntyklar täze baldaklary çykarýarlar. 01 baldaklar
hasylsyz bolsalar-da, üzüme täzeden şekil bermäge we ikinji
ýyl hasyl almaga mümkinçilik berýär.
23
Ýaş üzüm düýpleri, şonuň ýaly-da, garrap,
hasyllylygyny peselden üzüm düýpleriniň aňzakly sowuga
durnuklylygy hasyl berýän üzümleriňkiden pes bolýar.
Üzüm düýpleriniň sowuga durauklylygy olara edilýän
i d e g i ş l e r i b i l e n gönüden-göni b a g l y d y r .
Güýz a ý l a r y h a t a r a r a l a r y na ders, superfosfat,
azot, hlorly kaliý dökünleri dökülen, hatararalary sürlüp,
dekabr aýyndan bolsa yzgar suwy berlen ýerli sortlar -24°C
aýaza çydaýarlar. Emma azot dökünleriniň çendenaşa berlen
ýerlerinde üzümleriň çybyklarynyň bişmegi gijigýär.
Netijede, pyntyklaryň we çybyklaryň sowuga durnuklylygy
peselýär.
Şonuň ýaly-da, idegi pes bolup, wagtly-wagtynda
hatararalary bejerilmeýän, iýmitlendirilmeýän we
suwarylmaýan üzümlere howanyň aňzakly sowugy -20°C-dan
pese düşen ýagdaýynda uly zeper ýetirýär.
Üzümiň gyşda gömülmeýän ýerlerinde howanyň
howply sowamasyndan üzümleri belli bir derejede
goramak üçin aşakdaky çäreleri geçirmegi maslahat
berýäris:
1. Mümkin boldugyndan üzümleriň hatararalaryny
suwaryp, gyş döwründe yzgaryny ýetirmeli.
2. Howanyň aňzakly sowugy -2O°C-a ýetende we
pese düşen halatynda üzüm meýdanlarynda tüsse etmeli.
3. Sowuk uran pyntyklaryň möçberini (almaz bilen
keseniňde olar goňur reňkde bolýar) kesgitläp, kesip
timarlananda goýulýan pyntyklaryň sanyny öňki ýyllara
garanyňda şonça möçberde artyk goýmaly.
4. Üzüm kesilende esasy çybygyň ýapraklarynyň
goltugynda ýerleşen pyntyklardan çykan gapdal güýzemik
çybyklardan hasyl çybyklary goýulsa, olar sowuga has
durnukly we hasylly bolýarlar.
Ýokarda getirilen çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi,
24
üzüm düýplerine aňzakly sowugyň zyýanyny belli bir
derejede peseltmäge ýardam berer.
Ýerüstki bölegini sowuk uran üzüm düýplerini
dikeltmek
Üzüm agajynyň ýerüsti bölegini sowuk uranda,
ilkinji nobatda, ýaz paslynyň başyna gektara 600 m³
möçberde suw tutmaly. Ýerüsti bölegini sowuk uran üzüm
suwarylandan soňra onuň ýerasty sütüninden 15-20 sany
güýçli baldaklar çykýar. Täze baldaklaryň uzynlygy 8-10
sm ýeteninde, olaryň güýçli ösüp ýognanynyň 1-2
sanysyny goýup, galanlaryny düýbünden aýyrmaly.
Şondan 5-6 gün geçenden soňra goýlan baldaklary emaý
bilen dikeldip, üzümiň guran sütünine daňmaly.
Ösüş döwründe täze baldaklary sütüne daňmak işlerini
5-6 gezek geçinneli. Ilkinji gezek baldaklaryň uzynlygy
15-20 sm ýetende, ikinji gezek baldaklaryň uzynlygy 3035 sm bolanda, üçünji gezek bolsa baldaklaryň
uzynlygy 40-45 sm ýetende geçirmeli. Baldaklary
daňmak bilen birlikde ýapragyň goltugyndaky güýzemik
pyntyklardan çykan baldaklar hem kesilip aýrylýar.
Baldaklaryň uzynlygy 100-120 sm ýetende, olaryň göni
hem-de güýçli ösen biri goýulýar-da, beýlekisi düýbünden
kesilip aýrylýar. Goýlan baldagyň başy çürtülýär,
ýokarky 2-3 sany ýapragyň goltugyndaky güýzemik
pyntyklardan çykan baldaklardan başga ähli güýze mik
täze baldaklar dü ýbünden aýr yl ýar. Güýzemik
baldaklaryň uzynlygy 40-45 sm ýetende, olary iki
gapdala ýaplap, sime daňylýar. Olaryň uzynlygy 1 metre
ýetýänçä daňmak işini 2-3 gezek gaýtalamaly. Soňra
daňlan baldagyň ujuny çyrpmaly. Şeýlelikde, beýik
sütünli, iki e ginli üzüm düýbi emele gelýär. Iki
25
egniň
ýapraklarynyň
goltugyndaky
güýzemik
çybyklardan çykan baldaklardan üzüm gollary goýberilýär.
Gyş paslynda kesilip, olardan hasyl çybyklar goýulýar.
Zyýankeşlerden we kesellerden goramak
Üzümiň zyýankeşleri bolan ýaprak iýiji gurçuga,
jyzlana, komstok gurçugyna we beýleki zyýankeşlere garşy
göreşmek üçin üzüm sütünleriniň we gollarynyň daşyndaky
gabygyny sypyryp aýryp, otlamaly. Bu çäre gyşlaýan
zyýankeşleriň 80%-e çenlisini ýok etmäge mümkinçilik
berýär. Zyýankeşlere garşy ösüş döwründe awuly
serişdelerden desis (0,4-0,6 1/ga), karate (0,3-0,5 1/ga)
serişdeleriniň birini 300-350 litr suwa garyp sepmeli. Ony 1
-nji gezek maý aýynyň başynda-üzüm güllemezden öň, 2-nji
gezek bolsa, iýun aýynyň başynda sepmeklik maslahat
berilýär.
Üzüm agajynyň biziň ýurdumyzda giňden ýaýran
keselleri bolan oidium (çaňlama), heňli çüýreme
kesellerine garşy ösüş döwründe: birinji gezek ýaş
baldaklarynyň uzynlyklary 15-20 sm ýetende (20-25-nji
aprel), ikinji gezek maý aýynyň başynda (üzüm
güllemezden öň), üçinji gezek üzüm gülläninden soň (25-30njy maý), dördünji gezek 15-nji iýunda we bäşinji gezek hem
30-njy iýunda her gektara 30 kg mukdarda kükürdi tozadyp
sepmeklik maslahat berilýär. Oidium keseline garşy topaz
(0,15-0,25 1/ga) we ridomil gold (2,5 kg/ga) serişdeleriň biri
2 gezek sepilse örän gowy netije berýär (maý we iýun
aýlarynda).
Üz üm iň h e ň l i ç a l a r y p ç üýre me gi 15 20-nji aw gustda, ýagny üzüm iň suwunyň süýjäp
başlama gyndan ýüze çykyp ugraýar.
26
Onuň öňüni almak üçin 15-20-nji iýulda 1-nji
gezek, awgust aýynyň başlaryna 2-nji gezek topaz ýa-da
ridomil gold serişdelerini ýokarda görkezilen mukdarda
sepmegi
maslahat
berýäris.
Üzüm
ösdürilip
ýetişdirilende geçirilmeli agrotehniki çäreleriň kadasy we
möhletleri 1 -nji tablisada berilýär.
Üzümiň bidäne sortlarynda gibberellini-miwe
ulaldýan himiki serişdesini ulanmagyň usullary
Gibberellin himiki serişdesini üzümiň diňe bidäne
sortlarynda ulanmaklyk maslahat berilýär. Onuň kişmişlik
sortlarda ulanylmagy gowy hilli, has ýokary hasyl
almaklygy üpjün edýär.
Üzümde gibberellin ulanmagyň giň ýaýran usuly
onuň suwdaky erginini gülüň üstüne pürkmekdir ýa-da
topbak gülüni gibberelliniň erginine batyryp çykarmakdyr.
Gibberelliniň suw erginini taýýarlamak üçin ilki
bilen ony etil spirtiniň az mukdarynda eredip, suwa
goşulýar. Gibberelliniň iň netijeli ergini 120 mg/l-dir,
ýagny 1,2 g gibberellini 10 litr suwa goşup taýýarlanýar.
Eger-de, ergini köp wagtlap saklamaly bolsa, ony
bugardylyp arassalanan suwda taýýarlamaly. Şol bada
ulanyljak ergini adaty suwda hem taýýarlap bolar.
Gibberellin üzüm köpçülikleýin gülläp, gül
ýaprajyklary dökülenden soň ulanylsa has gowy netije
berýär. Şol döwürde gibberellin berlen üzüm miweleri
owadan, süýri şekilli bolýar, bu bolsa hoşalaryň daşky
görnüşine görk berýär. Eger-de, üzüme köpçülikleýin
gülleýän döwründe gibberellin berip ýetişilmese, onda ony
miweler gülden çykyp, nohut ýaly bolanda ulanmak
maslahat berilýär. Emma onda üzüm miweleri togalak
bolýar we hoşalaryň görki ol diýen owadan bolmaýar.
27
Üzümiň bidäne sortlarynda gibberellin ulanylsa,
olaryň miwesi 1,5-2 esse ulalýar. Netijede, hoşalaryň
agramy hem şonça artýar. Şeýle hem üzümiň bişip ýetişýän
möhleti 3-4 gün gysgalýar.
Gibberelliniň täsir etmeginde üzümiň miwesiniň
gabygy galňaýar we berkeýär, eti has dykyzlanýar hem-de
miweleriň mehaniki täsirlere durnuklylygy artýar.
Üzüm hasylyny ýygnamak
Üzüm hasylyny öz wagtynda ýygnamagyň örän uly
ähmiýeti bardyr. Üzümiň azyklyk sortlarynyň hasyly
miwesindäki gandyň mukdary 16-17%, ak çakyr öndüriljek
bolsa 17-18%, gyzyl çakyr öndüriljek bolsa 18-20% we
guradyp kişmiş etmek üçin bolsa, 22-25% bolanda
ýygylýar. Ýurdumyzda ir bişýän üzüm sortlaryndan has giň
meýdanlarda ekilýäni Gara we Ak halili sortlary bolup, olar
köpýyllyk maglumatlara laýyklykda, 19-22-nji iýul
aralygynda bişip ýetişýärler. Aralyk bişip ýetişýän üzüm
sortlary bolan Gelin barmak, Ak şekerek, Gözel gara,
Ženjel gara, Içkimar sortlary iýul aýynyň ahyrynda, 10-15nji awgustda bişip ýetişýärler. Giç bişýän Ak we Gyrmyzy
Taýfy, Mirnyý, Giçki Wawilow sortlary awgust aýynyň
ahyryndan 5-10-njy sentýabr aralygynda bişip ýetişýärler.
Türkmenistanda gaýtadan işlemek üçin ekilýän Ak
we Gyrmyzy muskat sortlary 9-10-njy awgustda doly bişip
28
ýetişýärler. Has giňden ýaýran gaýtadan işlenilýän üzüm
sortlary bolan Terbaş, Gyzyl sapak, Kaberne, Matrasa,
Saperawi, Rkasiteli sortlary 20-nji awgustdan soň doly
bişip ýetişýärler. Giçkiräk möhletlerde, ýagny 10-15-nji
sentýabr aralygynda Aşgabat gara üzümi, Takweri sortlary
doly bişip ýetişýärler.
29
Üzümi guratmak
Türkmenistanda üzümiň guradylan önümlerini
almak üçin örän amatly şertler bar. Uzak dowam edýän yssy
tomus, howanyň pes çyglylygy, ýagynsyzlygy, üzümiň
azyklyk we kişmişlik sortlaryndan az harajat bilen oňat hilli
guradylan önümleri almaga mümkinçilik berýär. Guran
önümleri almak üçin iň ýaramly bidäne sortlar: -Ak kişmiş,
Gara kişmiş, Kişmiş batyr, WIR kişmişi, Hişrawy kişmişi,
däneli üzümiň bolsa Soltany, Ak taýfy, Gyrmyzy taýfy,
Nimrang, Ak huseýne sortlarydyr.
Guradylýan meýdança getirilen üzümleri haýal
etmän gaýtadan işlemäge girişmeli, ýagny hoşalary 10
sagatdan uzak saklamak bolmaýar.
Guratmazdan öň üzümler gözden geçirilip, çüýrän
we zeper ýeten, bişmedik gök hem-de keselleriň,
zyýankeşleriň zaýalan miweleri we hoşalary aýrylýar.
Üzümi guratmagyň giňden ýaýran usullarynyň biri
ony kölegede-tekjede guratmakdyr. Bu usülda üzümiň açyk
reňkli sortlary aşgaryň 0,3-0,4%-li gaýnap duran erginine 45 sekuntlap batyrylýar we agaçdan ýasalan gözenekleriň
üstünde ýazylyp goýulýar. Soňra, kükürt gazy bilen
tüsseledilýär (gury sulfitasiýa) ýa-da kükürt kislotasynyň
gowşak ergini bilen işleýärler (ol sulfitasiýa). Ter üzümiň 1
kg-na 0,5-0,8 g kükürt ýa-da 0,4-0, l g kükürdiň angidridi
harçlanýar. Tüsseletmegiň dowamlylygy açyk reňkli sortlar
üçin miwesiniň ululygyna baglylykda 1,0-1,5 sagat, açyk
gyrmyzy reňkli sortlar bolsa 30-40 minutdyr. Guradylan
önümde kükürt angidridiniň garyndysy 0,01%-den geçmeli
däldir.
Kükürt bilen tüsseletmeklik agaç gutularda ýa-da
ýöriteleşdirlen otagda geçirilýär. Gutular 105x150x95 sm
30
ölçegde bolmaly, onuň aşaky bölegi açykdyr. Guty bilen
12-15 sany üzümli agaç gözeneginiň (tekjesiniň) üsti
ýapylýar.
Üzüm kükürt bilen tüsselenenden soňra gutyny
ýapýarlar, agaç gözenekleri bolsa üzümi bilen bile
bassyrmanyň aşagynda, kölegede goýýarlar. Şeýle
edilende, kişmiş altyn reňkli bolýar. Soňra 2-3 günden
üzümi beýlesine agdarmaly, agaç gözenekleriň bolsa ýerini
çalyşmaly (aşakylar bilen ýokarkylaryň). Guratmaklygyň
dowamlylygy jemi 11-12 güne barýar.
31
1-nji tablisa
Üzüm ösdürilip ýetişdirilende geçirilmeli agrotehniki çäreleriň
kadalary we möhletleri
T/b
Geçirilmeli çäreler
1
2
1 Üzüm ekiljek ýerleri
tekizlemek
2 Dökünleri dökmek
3 Çuň sürüm geçirmek
4 Taýýarlanan ýeri hatarlara we
düýp aralaryna bölmek
5 Ekiş çukurlaryny gazmak
6 Ekiş çukurlaryna dersi toprak
bilen garyp guýmak
Üzüm
nahallaryny ekişe
7
taýýarlamak
Kadalary
3
Atanaklaýyn
Ders 30-40 t/ga, Superfosfat-400
kg/ga, Hlorly kaliý-100 kg/ga
50-60 sm
4 x 2 m çyzgyt boýunça
50 sm çuňlukda, giňligi 40 sm
Her çukura 1,5-2 kg ders
a) kökleri 12-14 sm gysgaldylýar,
ýokarky böleginde bir şaha
goýlup, ol 2-3 bogundan kesilýär
b) Ýanmadyk ders we toýunly
toprakdan (1:1) taýýarlanan
palçyga köküni batyrmaly
Welaýatlar bo
Ahal, Balkan,
Mary we
Lebabyň
günorta
etraplary
4
01.08-0.10
ýunça möhleti
Daşoguz we
Lebabyň
demirgazyk
etraplary
5
01.08-20.09
01.10-01.12
01-30.10
01.10-01.12
10.11-05.12
01.12-20.02
10.11-05.12
01.12-25.02
10.11-05.12
01.12-25.02
15.11-10.12
01-30.03
01-30.10
01.02-20.02
20.02-10.03
20.02-10.03
10.03-05.04
8
Üzüm nahallaryny oturtmak
Köküni çukurda endigan
ýerleşdirmeli we toprak bilen
gömüp depelemeli
20.11-10.12
01-30.03
10.03-05.04
9
Suw bermek
Ekilende 500-600 m³/ga, soňra
7-8 günden 800 m³/ga
Beýikligi 1-1,2 m bolmaly
01.03-5.04
10.03-10.04
01.05-10.12
01.05-01.11
01.05-20.12
01.05-10.11
01.05-20.12
01.05-10.11
01.03-10.04
20.03-5.04
01.03-15.04
20.03-15.04
10 Üzüm nahallaryna direg
agaçlaryny dikmek
11 Demir-beton sütünleri dikmek
Sütünler her 6 m-den 60 sm
çuňlukda dikilýär
12 Direg sütünlere simleri çekmek 3 hatar geçirilýär, 1-120-130 sm,
2-140-150 sm, 3-170-175 sm
beýiklikde
13 Hatararalarynda ýazky sürüm
20-25 sm
Glifos ýa-da raundap,
14 Haşal otlara garşy gerbisid
6,0-8,0 1 /ga
ulanmak
32
1-nji tablisanyň dowamy
1
2
15 Suwaryş joýalaryny çekmek
16 Yaş üzümlere ösüş suwuny
bermek:
a) 1 ýyllyk üzüme
b) 2 ýyllyk üzüme
ç) 3 ýyllyk üzüme
a) 1 ýyllyk üzüme
b) 2 ýyllyk üzüme
ç) 3 ýyllyk üzüme
17 Hasyl berýän üzümlere ösüş
suwuny bermek
3
Üzüm hataryndan 0,4-0,5 metr
daşlykda, 18-20 sm çuňlukda
20 Hasyl berýän üzümleri kesip
timarlamak
21 Kesilen üzüm çybyklaryny
çykarmak
22 Üzüm gollaryny we
baldaklaryny direg sütünlere
hem-de simlere daňmak
23 Artykmaç we hasylsyz
baldaklary aýyrmak
5
01.11-10.08
15-16 gezek 800-900 m3/ga
9 gezek 800-900 m3/ga
5-6 gezek 800-900 m3/ga
01.04-30.09
-
10-12 gezek 500-600 m³/ga
7 gezek 500-600 m³/ga
4-5 gezek 500-600 m³/ga
1 gezek 900-1000 m³/ga
-
01.04-30.09
20.05-20.06
-
-
20.05-25.06
01.03-01.11
01.03-01.10
01.12-15.03
-
-
01.11-30.11
01.12-15.03
01.11-30.11
01-30.03
10.03-10.04
15.05-30.07
25.05-30.07
01.05-30.10
01.05-30.09
1 gezek 600-800 m³/ga
18 Hatararalaryny çizel bilen
ýumşatmak
19 Ýaş üzümleri kesip
timarlamak we şekil bermek
4
01.12-10.08
Ösüş döwründe 4-5 gezek
10-15 sm çuňlukda
Çybyklary 2-3 bogundan
kesmeli. Üzüm sütüniniň
beýikligi 1-1,2 m bolmaly, 4-5
sany üzüm gollaryny goýmaly
Ýelpewaç şekilli 4-5 sany
uzynlygy 70-80 sm bolan gollar
goýulýar
4-10 bogundan ybarat hasyl
çybykly we 2-3 bogunly
çalşyrgyç çybyklary bolan hasyl
toplumy görnişinde kesilýär
LPW-l,5A çybyk ýygnaýjy
enjamda ýa-da çizel bilen
Her 10-15 günden ösüş döwründe
4-5 gezek
Her 10-15 günden ösüş döwründe
8-10 gezek
33
1-nji tablisanyň dowamy
1
2
3
24 Uzümiň zyýankeşlerine (ýaprak Best alfa ýa-da karate 0,3-0,5 l/ga
we miwe iýiji gurçuklara,
mukdarda 2-gezek sepmeli
jyzlana we beýlekilere) garşy
göreş
4
20.04-1.06
5
25.04-01.06
25 Üzümiň kesellerine garşy göreş Sary kükürt 25-30 kg/ga muk(çaňlama-oidium, heňli
darda 3-4 gezek tozanlandyrmaly
çüýreme we beýlekilere)
ýa-da topaz 0,15-0,25 1/ga,
ridomil gold 2,5 kg/ga mukdarda
2 gezek sepmeli
26 Hasyl berýän üzümleriň
Hatararalarynda baldaklar tapyşyp
baldaklaryny çyrpmak
üzüm miweleri nohut ýaly
bolanda geçirmeli
27 Üzüm hasylyny ýygnamak
Yagyşsyz gurak howada ýygmaly
20.04-1,07
25.04-1.07
10.06-10.08
15.06-10.08
10.07-30.09
15.07-30.09
28 Yaş üzümleri dökün bilen
iýmitlendirmek
a) güýz sürümiň aşagyna
b) ýaz sürümiň aşagyna
Ders 3-4 ýyldan 30-40 t/ga,
superfosfat 300 kg/ga, karbamid
40 kg/ga, hlorly kaliý 100 kg/ga
superfosfat 100 kg/ga, ammiak
selitrasy 160 kg/ga
Ders 3-4 ýyldan 40-50 t/ga,
superfosfat 375 kg/ga, karbamid
50 kg/ga, hlorly kaliý 100 kg/ga
01.09-10.12
01.09-10.12
01.03-05.04
01.03-10.04
20.10-20.11
10.10-10.11
superfosfat 125 kg/ga, ammiak
selitrasy 200 kg/ga
30 Hatararalarynda güýzki sürüm 20-25 sm
31 Ýaş we hasyl berýän üzümlere 2-3 gezek 2000 m³/ga
gyşky yzgar suwuny bermek
1-2 gezek 1500 m³/ga
01.03-05.04
01.03-10.04
10.10-30.11
10.12-15.03
10.10-30.11
-
-
01.12-01.03
32 Uzümleriň düýplerini
agdarmak
PRWM-72000 azaly bilen ýa-da
el bilen 2 - gezek
01.11-15.04
20.10-20.04
33 Üzüm agaçlaryny gömmek
20-25 sm galyňlykda toprak bilen
-
01-30.11
-
25.03-10.04
20.11-30.03
01.11-30.03
29 Hasyl berýän üzümleri dökün
bilen iýmitlendirmek a) güýz
sürümiň aşagyna
b) ýaz sürümiň aşagyna
34 Gyşda gömlen üzümleri açmak Topragy el güýji bilen aýryp
üzüm gollaryny dikeltmeli
Gapdalyndaky düýpden çybyk
35 Guran üzüm düýplerini
täzeden ekmek
alyp ýa-da täze üzüm nahalyny
oturtmaly
34

Benzer belgeler