2015 Adam hukuklary boıunça Türkmen inisiatiwasy topary

Yorumlar

Transkript

2015 Adam hukuklary boıunça Türkmen inisiatiwasy topary
«Türkmenistanyň Hronikasy» saýtynyň awtorlary
2012 – 2015
Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary
2002-nji ýylda adam hukuklaryny goraýjylaryň Türkmenistandaky topary tarapyndan
Türkmenistanyň Helsinki inisiatiwa topary döredildi. Ýöne şol topara girýän adamlaryň
häkimiýetler tarapyndan yzygiderli yzarlanmasy hem repressiýalara sezewar edilmesi
netijesinde topara agza bolanlaryӊ köpüsi ýurdy terk etmäge mejbur boldy. 2004-nji ýylyň
noýabrynda Türkmenistanyň adam hukuklaryny goraýjy Helsinki toparynyň işini dowam
etdirmek , guramanyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Awstriýanyň paýtagty Wena şäherinde
Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary (TIPÇ) döredildi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary Türkmenistanyň öz içinde işleýän
graždan jemgyýetiniӊ aktiwistleri hem dissidentler bilen ysnyşykly aragatnaşyklar saklap, dürli
ugurlar boýunça, şol sanda adam hukuklaryny goramak ugrundan informasiýalar ýygnaýar.
Gurama şeýle-de Ýewropada we Russiýada bosgunlykda ýaşaýan türkmen graždan
jemgyýetiniň aktiwistleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Döredilen gününden başlap gurama
öz nazaryny Türkmenistanda adam hukuklarynyӊ berjaý edilişine gönükdirdi. Netjede,
Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulyşynyň faktlary barada , şeýle-de syýasat,
ykdysadyýet, jemgyýet, sosial ýagdaý ,ekologiýa ýaly ugurlar boýunça garaşsyz, alternatiw
informasiýalaryň çeşmesine öwrüldi.
Türkmenistandan alnan informasiýalar redaktirlenýär hem «Türkmenistanyň Hronikasy»
saýtynda türkmen, iӊlis we rus dillerinde çap edilýär.
TIPÇ häzir hakykat ýüzünde Türkmenistandaky ýagdaý barada garaşsyz maglumat berýän ýeketäk informasiýa çeşmesi bolany üçin onuň çap edýän maglumatlary Köpçülikleýin habar
serişdeleri hem Hökümetlere degişli bolmadyk halkara guramalar tarapyndan ulanylýar.
Şu neşir demokratiýa goldaw bermek boýunça Milli fonduň maliýe kömegi bilen taýýarlandy.
Bu almanahyň many-mazmuny TIPÇ jogapkärçiliginde bolup, Demokratiýa goldaw bermek
boýunça milli fonduň nukdaý nazaryny aňlatmaýar.
GIRIŞ
Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary öz iş alyp barýan ýyllary içinde alan
arhiw maglumatlaryny hronologik tertipde çap etmegi dowam etdirýär.
Biz 10 ýyl gowrak wagt bäri Türkmenistanda bolup geçýän wakalara gäzegçiligi dowam
etdirýäris. Şol döwür içinde müňlerçe makala, ýüzlerçe beýannamadyr ýüzlenmeler, onlarça
dokladlar çap edildi.
TIPÇ maglumatlary Human Rights Watch, Amnesty International, FIDH, adam hukuklary
boýunça «Memorial» merkezi ýaly guramalar tarapyndan dokladlar we beýannamalar
taýýarlananda ulanylýar.
Biziň saýtymyzyň türkmençe sahypasy 2012-nji ýylyň maý aýyndan işläp başlady. Häzirki
ýygyndy soňky üç ýylda türkmen awtorlarynyň ene dilinde ýazan makalalaryny öz içine alýar.
Saýty döretmek bilen biz Türkmenistanda bolup geçýän ýagdaýlar barada öz gözi bilen gören,
gulagy bilen eşiden adamlary, şeýle-de ýurduӊ syýasy, ykdysady we sosial durmuşynda bolup
geçýän wakalara professional baha berip bilýän awtorlary tapmak isledik.
Biziň saýtymyzda çykyş etjek awtorlara tema saýlamak, beýan etmegiӊ stili, materialyň möçberi
meselesinde azatlyk berdik. Garaşsyz saýtda awtorlarymyza öz pikir-garaýşyny beýan etmäge
doly mümkinçilik döretmek üçin Türkmenistanda iş ýüzünde ýok söz azatlygyna ýol açmakdan
ugur aldyk.
Azgalýan döwür içinde ýaşlar bilen bir hatarda ýaşuly nesliӊ wekillerine makalalaryny çap
etmäge mümkinçilik berdik. Olaryň käbiri ýurduň gündelik durmuşyndaky problemalar
barsynda ýazsa, Türkmenistandaky günüň aktual meseleleleri barasynda ýazýanlaram az däl.
Awtorlaryň bir topary medeniýet hem sungat barasynda ýazsa, käbiri ýatdan çykarylan türkmen
gahrymanlaryny ýatladylar, olar barsynda ýazdylar. Bilimi, gözetimi geňeldýän makalalaram az
däl.
Şol neşir edilen materiallaryň köpüsi okyjylarda gyzgyn seslenmeler döretdi. Şol makalalaryň
çap edilen saýtyna girýänler agzalan material, gozgalýan meseleler barada kommentariler
ýazyp, öz aralarynda hem awtorlar bilen pikir alyşdylar. Şunuň ýaly ikitaraplaýyn aragatnaşyk
awtorlara bärden gaýdýan ýerlerini duýmaga, öz üstünliklerine göz ýetirmäge mümkinçilik
berdi.
Täze awtorlara öz materiallaryny çap etmäge mümkinçilik döretmek bilen, tejribe toplamaga,
tankydy bellikleri kabul etmäge, kördeşlerden öwrenmäge şert döretmek bilen «iş arkaly
öwrenmek» (learning by doing) mekdebini döretmek bize başartdy.
Biziň awtorlarymyzyň köpüsiniň lakam bilen çykyş edýändigini nygtap oturmaga zerurlyk ýok.
Şol bir wagtda-da olaryӊ çap edilen materiallary biziň taryhymyzyň bir bölegi, şoňa görä biz
netijeli, saldamly hyzmatdaşlyk üçin şol adamlara minnetdarlyk bildirýäris.
Şu almanahy neşir etmek bilen biz okyjylarymyza şol materiallary hem olaryӊ awtorlaryny ýene
bir gezek ýatlatmak isleýäris. Biziӊ çap edýän makalalarymyzyň tematikasynyň giňeljekdigine,
sanynyň artjakdygyna ynam bildirýäris.
Awtorlar
Mälik Han - Nyýazow döwründe-de, häzirki prezident G.Berdimuhamedowyň hökümdarlyk
edýän wagtynda-da türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny beýan
edýär.
Daňatar Agöýliýew - Ýurtdaky syýasy we sosial problemalar barada ýazýar.
Wäşi Köşüli - Syýasy satiranyň ussady. Halk dilinde ýiti hem günüň wajyp meselelerini
gozgaýar.
Aşgabatly edebiýatçy - Kollektiwleýin awtor. Häzirki türkmen häkimiýetleri tarapyndan
unudylan ýazjylar we şahyrlar barasynda ýazýar. Şol materiallar öwredijilik häsiýetine eýe
bolup, türkmen taryhynyň, medeniýetiniň saklanyp galmagy üçin uly işler bitiren edebiýatçylar
barada häzirki türkmen ýaş nesline maglumatlar bermegi niýet edinýär.
Arslan Baba - Bu awtoryň makalalary söz azatlygy problemasyna bagyşlanýar. Ol şeýle-de
türkmeniň milli däp-dessuryna, kanunlaryna gabat gelmeýän galp däpleri türkmen jemgyýetine
ornaşdyrmak üçin türkmen häkimiýetleriniň alyp barýan tagallalary barasynda ýazýar.
Atamyrat Işan, Oguljahan Ýazjanowa, Nurly Daňatar öz makalalarynda Türkmenistandaky
şahsyýet kultunyň dürli ugurlaryny açyp görkezýärler.
Mälik Han
Tähran bilen Riganyň arasyndaky Aşgabat
(17.09.2012)
Geçen hepde Türkmenistanyň syýasy-ykdysady
durmuşynda adatdakylardan üýtgeşik iki waka
boldy: olaryň birinjisi – prezident G.
Berdimuhamdow Eýranyň “Pars Energy”
kampaniýasy bilen baglaşylan 700 million
dollarlyk kontrakty ýatyrmagy, ikinjisi – Latwiýa
sapar etmegi. Bu wakalar ýurt içindäki synçylarda
dürli pikir-garaýyşlary we garşyk çaklamalary
döretdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 8-nji sentýabrda Eýranyň “Pars Enegy” kampaniýasy
bilen baglaşylan $700 millionlyk kontraktyň “käbir ykdysady sebäpler” esaynda ýatrylýändygyny
yglan etdi. Bu kampaniýa Eýran bilen Gazagystany biri-birine baglamaly 900 km uzynlykdaky
demir ýol ulgamynyň Türkmenistandan geçýän ýerinde boýun alan işlerini wagtynda ýerine ýetirip
bilmändir.
Türkmenistan bilen Eýran arasynda 2010-njy ýylyň ýanwarynda baglaşylan şertnama görä, “Pars
Energy” öz boýun alan işlerini geçen ýylyň dekabrynda tamamlamaly eken. Bu, elbetde, resmi
düşündiriş. Indi Türkmenistan demir ýoluň bu bölegini öz güýçleri bilen gurjagyny aýdýar.
Bu waka prezident Berdimuhamedowyň awgustyň aýagynda Tähranda “Soýuzdaş dälleriň hereketi”
diýilýän halkara guramanyň sammitine gatnaşyp, häzirki zamanyň global meseleleri we olaryň
çözgütleri barada söz sözlemeginiň yz ýanlaryna gabat geldi. Şol sammitde ol Türkmenistanyň bu
gurama goşulmagynyň hem-de bitaraplyk durumyny almagynyň 20 ýyllygyna gabat, “Soýuzdaş
dälleriň hereketine” girýän ýurtlaryň 2015-nji ýyldaky sammitini Aşgabatda geçirmegi teklip
edipdi. Şeýle-de Berdimuhamedow Tähranda Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmadinejat hem-de baş
ruhany Aýatolla Ali Hamaneýi bilen duşuşypdy.
Ýerli synçylar prezident Berdimuhamedowyň eýran kampaniýasy bilen baglaşylan $700 millionlyk
kontrakty ýatyrmagynyň Tähran bilen Nyýazow döwründen gelýän “doganlyk gatnaşyklaryna”
sowuklyk saljagyny çak edýärler.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran 60 ýaşly aşgabatly syýasaty öwreniji
eýran kampaniýasynyň gurluşygy gijikdirmesiniň kontraktyň ýatyrylmagyna diňe bahana
bolmagynyň mümkindigini, hakykatda prezident Berdimuhamedowyň Eýran babatdaky “doganlyk”
pozisiýasyna Günbatar täsiriniň ýeten bolmagynyň gaty ahmaldygyny çak edýär.
“Mundan öň Berdimuhamedow Eýrana Nowruza gabat müň tonnalap unmy, bugdaýmy peşgeş
berýärdi, Ahmedinejat oňa iki adamlyk uçar eçilýärdi. Bu zatlar türkmenleriň özleriniň has arzan
ýa-da günbatar kampaniýalary bilen has ýokary hilli edip biljek işleriniň Eýranyň “Pars Energy”
ýaly kampaniýalaryna berilmeginiň bir sebäbi bolsa gerek. Onsoň Berdimuhamedowyň birden seýle
derejedäki “saçakly gatnaşygy” sowatjak “gödek” hereket etmegi öz-özünden boljak zat däl, bu
ýerde Günbatar ýurtlarynyň täsiriniň bolmagy gaty mümkin – diýip, 60 ýaşly syýasatçy aýtdy. –
Oňa Eýran bilen beýle ýakyndan gatnaşmagyň özi üçin gowy gutarmajagy duýdurylan bolmaly.”
60 ýaşly syýasaty öwrenijiniň pikirine görä, prezident Berdimuhamedowyň Rigada “Latwiýanyň
Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň baglaýjy swenosydygy” barada aýdan sözleri hem şu çaklamany
güýçlendirýär.
“Berdimuhamedow ozal Ýewropa bilen hyzmatdaşlygyň baglaýjy zwenolaryny görmezlige
salýardy, indi birden onuň “gözüniň ýitelmegine” näme sebäp boldy?” diýip, syýasaty öwreniji
soraýar.
Emma bu pikir bilen ylalaşmaýan synçylar hem bar. Türkmenistandaky ýewropa firmalarynyň
birinde işleýän 45 ýaşly ýurist Oraz Agaýew (ady üýtgedildi) Berdimuhamedow “hemişe bir elde
iki garpyz tutmaga çalyşýar” diýen pikiri öňe sürýär.
“Berdimihamedow diňe daşary syýasatda däl, içeri syýsatda hem şol bir oýny oýnaýar: ýagny bir eli
bilen Nyýazowyň şahsyýet kultuny ýykýar, beýleki eli bilenem onuň halkda döreden gorkusyny
özüne direg edip ulanýar. Ol bu oýny daşary syýasatda hem oýnamaga çalyşýar. Ýagny bir elini
Hytaýa, Eýrana uzadýar, şol bir wagtda-da Ýewropa bilen hyzmatdaşlyga ymtylýan kişi bolýar.
Emma hakykatda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga howlukmaýar. Bu meselede geljekde hem
üýtgän zat bolmaz.”
Oraz Agaýewiň pikiriçe, Berdimuhamedow Günbatar ýurtlaryndaky demokratiki gymmatlyklardan,
hususan-da metbugat, söz azatlygyndan gaty gorkýar. Sebäbi demokratiýa şertlerinde ol ýurduň tas
ähli baýlygyny bir özüniň kontrollugynda saklap biljek däl. Şu ýagdaý hem Aşgabady iş ýüzünde
Ýewropdan daşlaşdyryp, Tähran, Pekin režimleri, şol sanda ýerli “şertlere uýgun” türk, fransuz
firmalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyga iterýär.
Türkmen metbugaty Berdimuhamedowyň Latwiýa “Ýewropa Bileleşigi bilen dialogy ösdürmek”
nukdaý nazaryndan garaýandygyny ýazýar. Resmi Aşgabadyň türkmen lideriniň Latwiýa sapary
barada çap eden maglumatlaryndan çen tutulsa, Türkmenistan bilen Latwiýa Ýewropa bilen
Aziýanyň dürli sebitlerini biri-birine baglaýan söwda-transport koridorlaryny gurmak boýunça
halkara proýetlerini amala aşyrmak üçin amatly bolan geografiki şertlerde ýerleşýär.
“Eger Türkmenistan şeýle koridorlar bilen hakykatdan hem gyzyklanýan bolsa, ýa-da bolmasa,
latyşlaryň medeni-gumanitar pudakdaky, tekniki ugurdan ýokary taýýarlykly kadrlary
ýetişdirmekdäki, ykdysady zonalar, banklar we inwestisiýalar, azat portlar, turizm tejribelerinden
peýdalanjak bolsa, Latwiýa bilen diplomatiki gatnaşyklary ýola goýanyna 20 ýyl bolup barýar –
diýip, 60 ýaşly syýasaty öwreniji aýdýar. – Latwiýa parlament respublikasy, azat ýurt, ol ýerde
medeniýet, sungat işgärleri, žurnalistler prezidenti öwüp, çaga eklemeli däl. Türkmenistan bolsa bir
adamyň şahsyýetine daýanýan ýurt. Onsoň bu ikarada nähili doly bahaly gatnaşyk gurlup biler?”
Aşgabatly ýurist Oraz Agaýewiň pikiriçe, Türkmenistanyň birden “Ýewropa bilen dialogy
ösdürmäge” gyzyklanyp başlamagy tötänlik däl.
“Bu ýerde belli bir derjedäki pragmatizmi görmek bolýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi
bilen Milli howpsuzlyk ministrliginiň degişli bölümleriniň işgärleri türkmen oppozisiýasynyň
wekilleriniň daşary ýurtlarda ýazýan, aýdýan zatlaryny berk yzarlaýarlar. Soňky bir ýylda daşary
ýurtlardaky türkmenleriň käbiri Ysraýyl bilen Eýranyň arasynda bolmagy mümkin urşa
Türkmenistandaky syýasy krizisden çykalga mümkinçiligi hökmünde garaýar – diýip, Oraz Agaýew
aýtdy. - Resmi Aşgabat hem şol pikir sebäpli Ýewropa bilen dialogy ösdürjek bolýarmyka
diýýärin.”
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň bir resmisi özara söhbetdeşlikde (howpsuzlyk aladalary
sebäpli adyny aýtmaýarys) gelýän ýyllarda Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlaryna hakykatdan hem
açyljagyna umyt edýändigini aýtdy.
“Türkmenistanyň Ýewropa tejribelerini özleşdirmekden başga çykalgasy ýok. Berdimuhamedow
häkimiýet başyna geçende halky ýewropa standatrlarynda ýaşadasynyň gelýändigini aýtdy.
Ýewropa standartlary bolsa, ozaly syýasy-ykdysady we medeni azatlyklar bilen bagly.
Türkmenistanda bu azatlyklar ýok. Saparmyrat Nyýazow türkmen halkyna sowet döwründe berlen
azatlyklary hem ýok etdi. Berdimuhamedow halky Nyýazow ýaly aç-hor saklap bolmajagyna,
munuň hökman “arap baharyna” alyp geljegine düşünýär – diýip, türkmen resmisi aýtdy. – Onuň
ýurduň harby pudagynda, magaryf ugrunda işleýän adamlaryny Nyýazowyň salan agyr
ýagdaýyndan çykarmagy hem şu düşünje bilen bagly.”
Geçen hepdede bolan iki täsinlik, “Pars Energy” bilen $700 million dollarlyk kontraktyň
ýatyrylmagy we bu puluň türkmen raýatlaryna siňdirilmek ähtimallygy, türkmen ýaşlarynyň
Latwiýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda bilim almak mümkinçiliginiň köpelmek
ähtimallygy bilen bagly habarlaryň her kimde bir pikir döreden bolmagy mümkin. Bu pikirler
barada çak urmak gyzykly, herhal boljak zatlary wagta goýmak dogry bolsa gerek. “Herne bolsa,
bähbit bolsun” diýipdirler.
Köppartiýaly mejlis (11.06.2013)
Düýşümde Gurbandurdy Zelilini gördüm, egni sal-sal donly, aýakýalaň…
“Beh, Zelili şahyr gaty hor görünýär-le” diýip, hopugyp oýanypdyryn. Görsem, başujymda çelpek
ýalyjak kitapçasy dur. “Hä, kitabyny okap, ýatyp galypdyryn, şondan düýşüme giren bolmaly”
diýdim.
Adat boýunça, “Azatlyk” radiosyny açdym. Gulagyma ynanmadym, türkmen parlamenti
birpartiýalylykdan çykyp, iki partiýaly bolupdyr. Has dogrusy, Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň Mekezi geňeşiniň başlygy Orazmämmet Mämmedow Ahal welaýatynyň
25-nji saýlaw okrugyndan deputat saýlanyp, mejlisiň agzasy bolupdyr.
Dogry, “Azatlykda” çykyş edýän režim tankytçylary bu hili gowy habary inlerine siňdirip bilmezler,
at dakarlar. Diýşim ýaly, olar bu täzeligi derrew püçege çykardylar. Nämemiş, diktatura şertlerinde
kanun çykaryjylar erkin bolup bilmeýärmiş.
Içki nägileligimi daşyma çykarandyryn-da, aýalym hüňürdäp, radiony ýapdy. Ýene irkilipdirin…
Gurbandurdy Zelili egni sal-sal donly, aýakýalaň halyna mejlisiň münberine çykyp barýar. “Beh,
ýaňky gören düýşümiň ikinji seriýasymyka-raýt? Zelili şahyr nire, türkmen parlamenti nire?”
Diýenim ýaly, parlamentiň spikeri Akja Nurberdiýewa onuň öňünden çykyp, münbere goýbermejek
boldy. Şol wagtam yzdan biri turup, “Zelili şahyra söz beriň, ol ozalam kän horluk gördi” diýip
gygyrdy.
Oňa biri ýarym pyşyrdy bilen: “Orazmämmet, sen otur, ýaňy deputat saýlandyň, özüňe zyýan
etme”diýdi.
“Beh, bu şol Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan deputat saýlanan oglan-ow” diýip, birhili,
ogul jigim bolan ýaly begendim.
Onýança yzdan ýene biri sesini gataldyp gygyrdy: “Orazmämmet dogry aýdýar, bu mejlisde Zelili
şahyr gürlemän, kim gürlemelimiş?..”
Onsoň Akja Nurberdiýewa Zeliliniň ýolundan sowulmaga mejbur boldy.
Şol wagtam bir ýerden prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow, Emamali Rahmon, Hamid
Karzaý dagy peýda boldy. Olar haýdap gelişlerine täze gurulmaly demirýol hakda maslahat
edýärdiler…
Zelili olaryň galmagalyna baş galdyrman, assa ýöräp münbere çykdy-da, pessaý ses bilen goşgy
okamaga başlady:
“Owal başda çirki dünýä
Saz bilen aldady meni;
Owadan geline meňzäp,
Näz bilen aldady meni.
Gapyl bolup, gaýnap daşdyk,
Şeýtanyň şerine gaçdyk,
Köp oýunly söwda duşduk,
Baz bilen aldady meni.
Peýda diýdiler zyýany,
Görkezip altyn kiýany,
Ýok eken soňy-paýany,
Söz bilen aldady meni…”
Gurbanguly Berdimuhamedow Zelilä tarap alarylyp seretdi-de, “Bu kim-aý, egin-başy näteňet,
haýsy asyrdan getirdiňiz?” diýip, Akja Nurberdiýewa alarylyp bakdy. Ol näme diýjegini bilmän,
birden aşak, birdenem täze saýlanan deputat Mämmedowa seretdi. Emma owgan prezidenti Hamid
Karzaý ylgap münbere çykdy-da, egnindäki donuny çykaryp, Zeliliniň egnine atdy: “Şahyr aga,
menden serpaý, tüýs biziň düşen ýagdaýymyzy aýtdyňyz, berekellla!” diýdi
Men el çarpyp, prezident Karzaýyň berekellasyna “berekella” diýip gygyrdym. Emma öz sesime
oýanypdyryn. Oýananyma gynandym, emma düýşümde-de bolsa, türkmen dilinde köppartiýaly
mejlisiň geçirilip başlanyşyny görenime gaty begendim.
Eýranda täze prezident saýlandy, “bize näme?” (16.06.2013)
Eýranda täze prezident saýlanyldy. Aram kandidat hasaplanylýan we reformaçylar tarapyndan
goldanylan Hassan Rowhani saýlaw mahalynda berlen 36 million sesiň 50 göterim gowragyny aldy.
Içeri işler ministri Mohammad Mostafa Najjar şenbe güni Rowhaniniň 18.6 million ses alandygyny,
munuň saýlawyň ikinji tapgyryny geçirmezden, ýeňijini yglan etmek üçin ýeterlik boljakdygyny
aýtdy.
Içeri işler ministriniň aýtmagyna görä, Eýranda anna güni geçirilen prezident saýlawlaryna 36.7
million töweregi adam, ýa-da saýlawçylaryň 72.7 göterimi gatnaşdy.
Saýlawda konserwatiw kandidat Mohammad Bager Galibaf ikinji bolsa, berk liniýaly Saýid Jalili
üçünji boldy.
Rowhani awgustda yzygider iki möhlet prezident bolan we konstitusiýa boýunça üçünji möhlet
prezident bolup bilmeýän Mahmud Ahmedinejadyň ýerine prezident bolar.
Eýranlylar we biz
Eýran biziň asyrlyk goňşymyz. Türkmende “Kyýamat güni goňşudan” diýen söz bar. Soňky ýyllar
‘berkarar” Türkmenistanda saglygyny bejerdip bilmedik, derdi beterlän ildeşlerimiz Eýrana “saglyk
turizmine” gatnap başladylar. Elbetde, türkmen häkimiýetleri halkyň bu başlangyjyny hem
togtatmaga çalyşýarlar. Sebäbi bu olaryň ýurtda sagat we bagtly bolmak üçin ähli mümkinçiligiň
bardygy barada aýdýan “hakykatlaryny” ýalana çykarýar.
Goňşuçylykdan başga, Eýranda millionlap etniki türkmen hem ýaşaýar. Olar 1881-nji ýyldan öň,
Orsýet Türkmenistany güýç bilen basyp alyp, türkmenleriň ýaşaýan giň ýurduny iki bölege – ors
hem pars territoriýalaryna bölmezlerinden ozal bir bitewi, dili bir, dini bir, däpleri bir türkmen
halkynyň bir bölegi eken.
Eýranly türkmenler özleriniň syýasy, ykdysady, medeni hak-hukuklarynyň kemsidilýändigini
aýdýarlar. Aýtmaklaryna görä, eýran režimi olara dil haklaryny hem bermeýär we olar çagalaryny
öz dillerinde okatmak hukugyndan hem mahrum edilýär. Ýogsa eýran kanunlary etniki azlyklara
şeýle hukuk berýär we, mysal üçin, Eýranda ýaşaýan ermeniler bu hukukdan peýdalanýarlar.
Eýran Türkmenistan bilen deňeşdirilende gaty uly ýurt we oňa dünýä syýasy meýdanynda uly üns
berilýär. Bu ýurt ozal Günbataryň çig mal bazasy bolan bolsa, 1979-njy ýylyň Yslam
rewolýusiýasyndan soň Mollalar režiminiň alyp barýan syýasaty, hususan-da “dawaly ýadro
programmasy” diýilýän zerarly, günbatar sanksiýalary esasynda, kem-kemdem izolýasiýa düşdi.
Emma Türkmenistan öz “özboluşly demokratiýa ýodasy” sebäpli, bir partiýanyň hem däl, eýsem bir
adamyň çäksiz hökümdarlygy, syýasy-ykdysady azatlyklary gazaply çäklendirýänligi, söz-metbugat
azatlygyna düýpden ýol bermeýänligi, daşary ýurtlardaky demokratiki tejribelerden gorkýanlygy
zerarly izolýasiýa düşdi.
Tebigy baýlyklar
Şol bir wagtda Eýrän hem, Türkmenistan hem tebigy resurslara baý we bu ýagdaý energiýa aç
dünýäni kän uzaga goýbermeýär. Ýöne bu “ýakynlyk” Eýran meselesinde halkara derejesinde, açyk
syýasy-ykdysady basyşlar, metbugat-informasiýa urşy görnüşinde ýüze çyksa, Türkmenistan
babatynda “amatly kontraktlar” üstünde ýer astyndan barýan korrupsiýa darkaşy, türkmen
ýolbaçylary bilen umumy dil tapyp, amatly kontrakt “utýan” türk we günbatar firmalarynyň “ýeňşi”
görnüşinde “taryha” girýär.
2009-njy ýylda, prezident Mahmut Ahmedinejat ikinji gezek prezident saýlananda, Eýranda halk
ençeme gün köçe protestlerine çykdy. Şonda saýlawçylar saýlawlaryň netijeleriniň
galplaşdyrylandygyny aýdyp, häkimiýetleriň ýowuz çärelerine garamazdan, öz saýlaw haklaryny
talap etdiler. Emma Türkmenistanda, prezident G.Berdimuhamedow öz bellän “alternatiw
kandidatlaryndan üstün çykyp”, opposisiýa wekillerini ýurda getirmän, ikinji möhlete hem bikanun
prezident saýlananda, bu hili dawa bolmady. Ýatladyp geçsek, Berdimuhamedow birinji gezek
prezident saýlananda hem, şol wagtky mejlis başlygyny syýasy matlap bilen garalap, biraz galplyk
etmeli bolupdy.
Dolandyrylýan demokratiýa
Eýranda saýlawda bäsleşjekleriň kandidaturalary ýurduň Goragçylar geňeşi, halk tarapyndan
saýlanmadyk gurama tarapyndan tassyklanmaly. Bu Geňeşiň başynda, elbetde, mollalar režimiň
başlygy, baş hökümdar aýatolla Ali Hamaneýi durýar. Türkmenistanda hem prezidentiň goragçylary
iň güýçli we köp ygtyýarlyk berlen saýlanmadyk gurama bolup durýar.
Ýöne Eýranda halk progrese, demokratiýa ymtylýar we sagdyn pikirlenýän röwşenpikirler, ýaşlar
özlerini dünýäden üzňeleşdirýän mollalar režimine garşy durmaga çalyşýarlar. Bu ýagdaý şu
saýlawda, alty kandidatyň içinde, ala-böle aram reformaçy kandidata ses berlişinden, onuň ýeňşiniň
halk tarapyndan şatlykly garşylanyşyndan hem göründi.
Men bu şatlygy düýn, şenbe güni öz duldegşir goňşym bilen paýlaşmak isledim: “Eýranyň
prezident saýlawlarynda aram kandidat Rowhani ýeňipdir, konserwatiwler ýeňlipdir” diýdim.
Goňşym ýüzüme birhili seretdi-de: “Eýranda kim prezident bolanda, bize näme?” diýdi.
64 ýaşyndaky Rowhani eýran saýlawlarynda reformaçylar tarapyndan goldanan ýeke-täk kandidat
boldy.Ol Ahmedinejadyň “sekiz ýyla çeken tümlük zamanyny” soňlajagyny, söz we metbugat
azatlygyny ösdürjegini wada berdi.
Dogrudanam, goňşy Eýranda, dünýäde bolup geçýän zatlar, demokratiýa, azat saýlawlara, söz we
metbugat azatlygyna bolan barha ýokarlanýan ymtylyş “bize nämemi?”
Prezidentiň kitaby çykdy… (06.07.2013)
TDH prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň 6-njy tomunyň türkmen we
rus dillerinde çapdan çykandygyny habar berýär.
Türkmenistanyň prezidentiniň arhiwi tarapyndan çapa taýýarlanan täze tom “Ösüşiň täze
belentliklerine tarap” diýlip atlandyrylypdyr. Onda türkmen döwletiniň baştutanynyň 2012-nji ýylyň
dowamynda eden çykyşlary, ýazan ylmy makalalary, beren interwýulary, gutlaglary we
ýüzlenmeleri hronologik tertipde ýerleşdirilipdir.
TDH geçen ýyly türkmen jemgyýetiniň durmuşynda “şöhratly we röwşen wakalara baý bolan ýyl”
hökmünde häsiýetlendirip, onda ýurduň “ýakyn we uzakmöhletli geljegine täze üstünlikler üçin
mäkäm binýadyň düýbüniň tutulandygyny” nygtaýar.
Bu döwlet eýeçiligindäki habar gullugynyň nukdaý nazary we biz TDH-dan, “Türkmenistan”
gazetinden, “Watan” habarlar programmasyndan şular ýaly bir taraply, propaganda, wagyz
maglumatlaryndan başga hiç bir zada garaşmaýarys. Olar, döwlet eýeçiligindäki metbugat biribirini gaýtalap, bireýýäm iliň gözünden düşdi we adamlar indi gazet-žurnallary köplenç okamak
üçin däl-de, başga zatlar üçin ulanýarlar.
Eger ýakyn geçmişe seretsek, ýaňy-ýaňylar, 2006-njy ýylyň dekabryna çenlem prezident
S.Nyýazowyň kitaplary ýa tomluklary dürli dillerde çap edilýärdi, öwlüp ýerde-gökde
goýulmaýardy.
Şol bir wagtda Rahym Esenow, Tirkiş Jumageldiýew ýaly, awtoritar prezidenti wasp etmekden ýüz
öwren onlarça ýazyjynyň eserlerini çap etmek, metbugatda olaryň atlaryny ýagşylykda agzamak
hem gadagandy. Bu ýagdaý şindi hem saklanyp galýar we Türkmenistanda okaýan, pikirlenýän,
düşünýän adamlaryň barha we barha azalmagyna, ilatyň aýylganç bir derejede ýöntemleşmegine
getirýär.
Garaşsyz Türkmenistanda bir tarapdan täze elibiýe, kril hatyndan latyn hatyna geçilmegi bilen
gazet-žurnal, kitap okaýan adamlar azalan bolsa, ikinji tarapdan boş propaganda, diňe bir adamyň
kitap ýazmagy ýa diňe bir adamyň çykyp gürlemegi we öwülmegi halkyň kitap diýen mukaddeslige
bolan söýgüsine, ynamyna, hormatyna ullakan zarba urdy.
Türkmen hökümet propagandasynyň tersine işländigini, ýagny halkda ynam, hormat deregine
ýaňsy, ýigrenç döredendigini, bu işde “Watan” programmasy ýaly programmalaryň “uly iş
bitirendigini” bilmek üçin türkmen tomaşaçylarynyň haýsy daşary ýurt telekanallarynyň
gepleşiklerine has köp tomaşa edýändigi barada ýönekeý pikir soralyşyk geçirmek hem ýeterlik
bolardy.
Emma türkmen hökümetiniň ýolbaşçylary başga pikir, real ýagdaý bilen gyzyklanmýarlar, sebäbi
olar hakykaty bilmäge, görmäge, kabul etmäge taýýar däl ýa-da şu barýan ters ýollaryndan,
“döwlet, mal we pul tapan ýodalaryndna” uzak gitjeklerine berk ynanýarlar.
Iň gymmat zat wagt diýen pähim bar, wagt geçýär, ony yzyna dolajak güýç ýok. Türkmen režimi
wagty özüne barha kän ynamsyzlyk döretmek üçin ulanýar, taryhdan, başga ýurtlarda bolup geçýän
zatlardan sapak alman, halkyň sabyr-kanagaty, çydamlylygy bilen oýnamagyny dowam etdirýär.
Il içinde bolsaň, adamlaryň S.Nyýazowyň “Ruhnamasynyň” we beýleki kitaplarynyň halka zor
bilen okadyljak bolnuşy barada edýän gürrüňlerini, indi bolsa “täze bir beýik ýazyjynyň” dörediljek
bolnuşy barada aýdýan ýakymsyz sözlerini kän eşidýärsiň. Ol sözleri ýurduň milli howpsuzlygyny
goramaly işgärler hem eşidýändir.
Adamlar döwlet başyndaky adamyň, onda-da S.Nyýazow, G.Berdimuhamedow ýaly adamlaryň
sabyr-kanagat edip, stoluň başynda oturyp, bir topar zat okap, iş edinip kitap ýazmajagyna gaty
gowy düşünýärler. Galybarse, mugallym bolup işlän, ene diliniň dürs ýazuw kadalaryny okadan
spesialistler türkmen dilinde 5-lik baha düzme ýazyp bilýän okuwçynyň seýrek bolýandygyna belet.
S.Nyýazowyň, G.Berdimuhamedowyň bolsa, il öňüne çykyp, kagyza seretmän eden iki agyz
gürrüňlerinden hem bir topar ýalňyş tapyp bolýar. Onsoň olar nire, kitap ýazmak nire?
Sözümi jemläp aýtsam, Berdimuhamedowyň kitaby diýlip çykarylan 6-njy tomda onuň bir gram
hem zähmeti bardyr öýdemok, bu kitapda jemlenen zatlar ilki ors dilinde, başga adamlar tarapyndan
ýazylyp, soň türkmençä ýaramaz terjime edilen zatlar. Olarda ýürekden aýdylan, durmuş
hakykatyna gabat gelýän, halkyň hal-ýagdaýyny hakykatdan hem gowulandyrmaga, diýmek ilgünüň geljegine ynam-ymydynyň köpelmegine ýardam etjek bir jümle-de ýok. Sebäbi olar ýatkeseki, halk halyny bilmeýän, biljegem bolmaýan, diňe hiç zada düşünmeýän prezidente arzan
propagandany satyp, öz güzeranyny dolajak bolýan adamlaryň halturasy.
Gepiň keltesi, bu ösüş däl, tesiş we soňsuz tesiş alamaty. Emma TDH bu “neşir Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent ruhuny şekillendirýän, 2012-nji ýylda bolup geçen iň bir
ähmiýetli wakalaryň gysgaça surat hronikasy bilen jemlenýär” diýip, nobatdaky kagyz
zaýaçylygyny gowulyk hökmünde buşlaýar.
Arkadag “Göroglyny” öwýär (08.07.2013)
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowy 5-nji iýulda geçiren hökümet maslahatynda
Balkan welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde görkezilen “Görogly” operasyna
ýokary baha berdi.
TDH-nyň ýazmagyna görä, türkmen lideri bu operany “sungat ussatlarymyzyň ýeten ýokary
derejesini görkezýän” eser hökmünde taryplap, “örän şowly çykan bu operanyň ähli tomaşaçylaryň
göwnünden turandygyny” belläpdir.
Habarda aýdylmagayna görä, şondan soň G.Berdimuhamedow wise-premýer B.Nurmyradowa
ýüzlenip, “ýurdumyzyň teatrlarynyň sahnasynda halkymyzyň gahrymançylygyny we
merdanalygyny wasp edýän operalary we beýleki sahna eserlerini geljekde hem yzygiderli goýmak,
bu sahna eserlerinde türkmen halkynyň dünýä medeniýetine hem-de ösüşine goşan uly goşandyny,
baý taryhy mirasyny giňden açyp görkezmek barada” tabşyryk beripdir.
Ýöne bu-da hemmesi däl. Döwlet baştutany wise-premýere, täze sahna eserlerini döretmek bilen
birlikde,Türkmenistanyň teatr işgärlerinden düzülen toparlary, çykyş etmek üçin, daşary ýurtlara
ibermek barada hem görkezme beripdir.
Mälim bolşy ýaly, prezident Berdimuhamedow häkimiýet başyna geçen ilki ýyllarynda medeniýet,
sungat, edebiýat, metbugat wekilleri bilen birneçe gezek duşuşyp, okalýan makalalaryň we
kitaplaryň, tomaşa edilýän oýunlaryň we kinolaryň döredilmeýändigini tankyt edipdi. Emma ol bu
döredijilik krisiziniň düýp sebäpleri bilen gyzyklanmandy.
Türkmen metbugatynda, prezidentiň sözlerine salgylanmak bilen, döredijilik işgärleri üçin ähli
şertleriň döredilýändigi aýdylýar. Muňa delil hökmünde soňky ýyllarda gurlan we ulanylmaga
berlen medeniýet desgalary, satyn alnan tehniki enjamlar sanalyp geçilýär.
Emma Türkmenistanda medeniýet, sungat, edebiýat, metbugat wekilleriniň iki elini baglaýan zat
senzura, gadaganlyklar we çäklendirmeler hasaplanýar. Olardan diňe “gazanyldy” diýilýän
üstünlikleri açyp görkezmek, bir adamy wasp etmek talap edilýär.
Bu ýagdaý Türkmenistanda soňky ýyllarda hakyky döredijilik krizisiniň döremegine, türkmen
döredijileriniň sowet ýyllarynda göterilen professional derejelerini ýitirmeklerine getirdi.
Elbetde, bu gadaganlyklar G.Berdimuhamedow tarapyndan girizilmedi, ol S.Nyýazow döwründe
erkin pikirli döredijilik işgärlerine girizilen “gara sanawy” miras aldy. Mundan başga, Nyýazow
döwründe häzirki zamandan diňe bir şahsyýeti, prezidenti taryplamak, geçmişden bolsa toslama,
mifiki gahrymanlary öwmek kada öwrülipdi. Berdimuhamedow bu “kadalaryň” ikisini hem bolşy
ýaly saklap galdy.
Türkmenistanyň medeniýet wekilleri, hususan-da habar serişdeleri prezidenti “supermen” edip
görkezmekde güýç gaýgyrmaýarlar. Ol diňe bir döwlet işgäri, öňdengörüji syýasatçy we prezident
däl, eýsem ussat doktor, ussat ýazyjy, ussat mergen, ussat arhitektor, ussat kompozitor we ş.m-ler
bolup durýar.
Emma ýurtda başga “supermen” ýa gahryman ýok. Prezidentden başga gahryman ýa gahrymanlar
diňe geçmişe degişli. Aýdaly, Görogly, Oguzhan we beýlekiler.
Gojalan teatr işgäri (adyny howpsuzlyk aladalary sebäpli aýtmaýaryn) “toslama gahrymanlary
öwseň bolýar, sebäbi olaryň gelip prezidentlige dalaşgär bolup biljek gümany ýok” diýdi. Şeýle-de
ol: “Biziň teatrlarynyzyň ýasama, professionallykdan mahrum, diňe boş propaganda ýugrulan
oýunlaryna türkmen tomaşaçysy gelenok, daşary ýurtlular olary näme etsin?” diýdi.
Emma ol, prezident aýdan bolsa, türkmen teatrlarynyň daşary ýurtlara iberilip, uly çykdajy
ediljegine welin ynanýar. “Sebäbi biziňkilere netije däl, öwünmek, özlerini aldamak gerek” diýip,
tejribeli teatr işgäri aýtdy.
Nyýazowdan başlanan kadr zaýaçylygy (15.07.2013)
TDH ýene wezipesinden boşadylan, täze wezipä bellenen kadrlar hakynda maglumat çap etdi:
“Gurluşyk ministri J.Baýramow “başga işe geçýänligi üçin” wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä
B.Ereşow bellenildi. “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy T.Ýagşymyradow
“başga işe geçýänligi sebäpli” wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine A.Berdinyýazow bellenildi.”
Elbetde, bular entek hemmesi däl. “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy A.Derýaýew, “işde
goýberen kemçilikleri we başga işe geçýänligi üçin” wezipesinden boşadylyp, onuň ýerine ozal şu
ýerde orunbasar bolan R.Ilamanow bellenildi. Balykçylyk boýunça döwlet komitetiniň başlygy
A.Hojaberdiýew hem, “işde goýberen kemçilikleri üçin”, wezipeden boşadyldy we onuň ýerine ozal
şol komitetde orunbasar bolan D.Hojamyradow bellenildi.
Mundan başga, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy P.Meredow “işde goýberen
kemçilikleri üçin” prezidentiň berk tankydyna sezewar boldy we işden boşadyldy. Onuň ýerine
D.Amangeldiýew bellenildi. I.Babanyýazow bolsa, senagat ministri wezipesinden boşadylyp,
hökümet başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. Onuň öňki işi wagtlaýynça
S.Orazmyradowa ynanyldy.
Kemi galmasyn diýseňiz, ýene aýdaýyn: Türkmenistanyň Orsýet Federasiýasyndaky baş ilçisi şol
bir wagtyň özünde Ispaniýada hem ilçilik etmeli edildi. Hindistandaky we Malaýziýadaky baş ilçi
P.Durdyýew bolsa birbada iki wezipesinden hem boşadyldy. Ý.Mämmedow Malaýziýada baş
ilçilige bellenildi…
Dogrusy, bu hili habarlar indi Türkmenistanda hiç bir jehtden täzelik däl, belki adaty bir zat. Sebäbi
Türkmenistan S.Nyýazow döwründe kadr geldi-geçerliginiň beýik bir meýdanyna öwrüldi.
Resmi metbugatda, radio-telewideniýede, döwlet propagandasynyň dilinden aýdylýan zatlara
seretseň, Aşgabat ýaş kadrlary saýlap-seçmek, terbiýelemek işine uly üns berýär. Emma soňky
ýigrimi ýylda ýokary wezipä, ýagny prezidentiň karary bilen bellenen we işden boşadylan kadrlaryň
sanyny çen bilen göz öňüne getirseň hem, gözüň garaňkyrap, başyň ýalanýar. Ol kadrlaryň, ýagny
birbada ýa-da basgançak-basgançakdan şeýle uly jogapkär wezipä çykan adamlaryň soň hiç bir iş
berilmän, halys har edilenleri, türmä basylanlary hem az däl.
“Olaryň özleri günäkär, barmasynlar başarmajak ýerlerine, ogurlyk etmesinler” diýilmegi hem
mümkin. Bu dogry. Ýöne bu meselede diňe bir adamdan, birinji ýolbaşçydan başga hiç kime
kepilligiň ýoklugy geň galdyrýar.
Aýdyp oturasy iş ýok, bu medeniýet ýa medeniýetsizlik S.Nyýazow döwründe esaslandyryldy we
G.Berdimuhamedow ony diňe özüçe dowam etdirýär.
Eger “bu döwlet, hökümet ýa halk bähbitleri üçin edilýär, ol adamlar iş başarmady ýa ogurlyk etdi”
diýilse, “soňky bellenýänler olardan gowumy ýa gowy boljak ymydy barmy?” diýen sorag döreýär.
Ýa bolmasa, şolary seçen adamdan näme üçin hasap soralanok? Ol näme üçin kadr seçmekde we
bellemekde soňsuz ýalňyş goýberip, ýene kadr seçmek ýa bellemek ýaly jogapkärli işde saklanyp
bilýär?
Elbetde, bu diňe diktatura şertlerinde mümkin bolýan zat. Eger diktatura bolmasa, adamlar pikirini
aýdyp bilýän bolsa, metbugat, sudlar garaşsyz bolsa, syýasy azatlyk we beýleki demokratiki
gymmatlyklar bolsa, G.Berdimuhamedow öz kadr syýasaty üçin bir wagt ynamdan gaçyp, iş
başyndan çetleşdirilmeli. Emma ol arkaýyn halky basyşda saklamagyny, özüne wepaly bolar öýden
sessiz, pikirsiz, pozisiýasyz adamlaryny uly wezipelere bellemegini we soňra işden boşatmagyny
dowam etdirýär.
Bu ýerde onuň özüne “wepaly”, “ýedi arkasy barlanan we hiç wagt öz pikirini aýtmajak” kadrlary
seçmesinde logika bar, emma soň olaryň derrew ýa uzak gitmän işden aýrylmasyna, ýene täze
adamlaryň wezipä bellenmegine we soň olaryň hem işden aýrylmagyna näme sebäp bolýar diýen
sorag gelip çykýar.
S.Nyýazow döwründen bäri türkmen hökümetiniň aýrylmaz bir sypatyna ýa aýratynlygyna öwrülen
kadr geldi-geçerligi, daşyndaky syrlylyk, adam ykballarynyň ýapyk gapylaryň arkasynda çözülmegi
zerarly, bir topar çaklama teoriýasyna sebäp bolýar. Soňky ýyllar şol çaklama teoriýalarynyň esasan
iki sanysy il içnde has ýörgünli boldy.
Birinji teoriýa: Wezipeler hakyky professional taýýarlykly, mynasyp adamlara berilmeýär, satylýar
we wezipä bellenenler wagtynda talap edilýän serişdäni toplamagy we bermeli ýerine berip
durmagy başarmasalar, işi bilen hoşlaşmaly bolýar.
Ikinji teoriýa: Kadrlar, proferssional derejesine garamazdan, az aýlyk we köp çäklendirme, erksizlik
basym işden aýrylmak gorkusy bilen jenaýata iteklenýär we ýurtda işi bilen tanalýan, abraý alan
adam galmaz ýaly derjede bilkastdan zaýalanýar
Bu ýagdaý birinji adama “ýurtda menden başga adam ýok, hemme wezipä bellenen eli egrilik edýär
ýa iş başarmaýar, diňe men ak, arassa, halal we diňe men iş başarýaryn” diýmek üçin gerek.
Dogrusy, bu oňa aňsatlyk bilen başardýar, sebäbi onuň işden aýyrýan kadrlary S.Nyýazowyň işden
aýran kadrlaryndan has gowşak we olaryň oppozisiýa geçmek, syýasy partiýa döretmek
mümkinçiligi has az…
Emma köpi gören ýaşulular kadr geldi-geçerliginiň uzagyndan hiç bir döwlet baştutanynyň
peýdasyna bolup bilmejegini, beýle syýasata diňe çäkli akyla gulluk edýän ýa düýpden akylsyz
lideriň daýanyp biljegini aýdýarlar.
Nyýazowyň büdrän daşlary (02.09.2013)
Türkmenistanyň prezidenti “nobatdaky” kadr çalşygyny geçirdi. Munuň sebäbi, adat bolşy ýaly,
“işde goýberilen düýpli kemçilikler”.
Ýöne türkmen jemgyýetçiligine bu “kemçilikleriň” anyk nämelerden ybaratdygy aýdylmaýar.
Resmi metbugat ol “kemçilikleriň” işden aýrylan ýolbaşçynyň ynanylan pudaga “edilmeli
kontrollygy gowşadanlygy” bilen baglydygy, ýa-da onuň “gullluk wezipesinden betnebis
peýdalanandygy” barada juda umumy maglumat bermek bilen çäklenýär.
S.Nyýazow döwründe “kadrlaryň nobatdaky çalşygy” biraz “gyzykly” geçirilerdi. Türkmenbaşy
käbir detallary, mysal üçin, baş prokuroryň para alan bedreleriniň sany ýaly faktlary açyk aýdardy
(Emma Berdimuhamedow Ý.Ýazmyradowy baş prokurorlykdan boşadanda beýle etmedi.). Şol
döwürde türkmen telewideniýesiniň iň köp seredilýän gepleşigi “kadr çalşygy” “oýnudy”.
G.Berdimuhamedow döwründe bu “oýun” tomaşaçylaryny ýitirdi. Bu, belki-de, onuň arhitektura
aşa köp üns berip, dramaturgiýa kembaha garamagy bilen baglydyr.
Bilnişine görä, S.Nyýazow öz işe belleýän adamlaryny “ýedi arka” barladýardy. Bu işde Milli
howpsuzlyk ministrligi “uly hyzmat” bitirýärdi. Emma Nyýazow ýene öz saýlap-seçen
ýolbaşçylarynyň “ogry, parahor, iş bilmez ýalta, arakhor ýa aýalbaz, ýa-da ogly neşekeş” bolup
çykyşyna “haýran galýardy” (Elitanyň wekilleri bolsa, “seçilen” kadrlaryň näçe berip wezipe
alýandygyny bilensoň, biri işden kowulsa, “bergilerini bir üzdümikä” diýip alada edýärdi.).
Telewideniýede berilýän gürrüňlerine ynansaň, Nyýazow halka gowulyk etjek bolýardy, gije
ýatman işleýärdi, kemçiliklere janyny ýandyrýardy. Sada adamlar “Nyýazow görgüli ýurdy jan edip
düzetjek bolýa-la, emma töweregindäkiler düzüw däl, bary ogry-jümri” diýip gürrüň edýärdi.
Milli howpsuzlyk ministrligi bu gürrüňleri Nyýazowa altyn tapan ýaly edip getirip berýärdi, ol
ernini gulagyna ýetirip ýylgyrýardy.
Dogrusyny aýtmaly, Nyýazow bu “oýny” bilip, ussatlyk bilen oýnaýardy. Ýagny şeýdip, özüne bir
gün syýasy bäşdeş bolup biljek kadrlary sallançakda bogýardy.
G.Berdimuhamedow prezident bolanda S.Nyýazowyň ýoluny dowam etdirmegi wada berdi, ol
muny etmäge hem çalyşýar. Ýagny ýurtda, käbir ýumşamalar bolan hem bolsa, bir adamyň
hudaýlaşdyrylmagy saklanyp galýar; metbugat azatlygy, sudlaryň garaşsyzlygy, häkimiýetiň kanun
çykaryjy we ýerine ýetiriji şahalarynyň özbaşdak işlemegi ýaly gymmatlyklar ozal
Türkmenbaşynyň aýagyna düşek bolan bolsa, indi Arkadagyň aýagynyň astyna taşlanýar. Iň esasysy
bolsa, Nyýazowyň “kadrlar oýny”, ýapyk ýagdaýda hem bolsa, dowam etdilrilýär.
“Halklaryň serdary Stalin” “hemme zady kadrlar çözýär” diýipdir. Eger şeýle bolsa, kadrlary
saýlap-seçmelidigi, barlamalydygy, terbiýelemelidigi, eger ýalňyş goýberseler aýtmalydygy, gerek
ýerinde temmi bermelidigi düşnükli. Ýöne bu zatlar bir adam tarapyndan edilse, tutuş ýurduň
kadrlarynyň ykbaly ähli ýokary wezipäni öz elinde jemlän diktator tarapyndan çözülse, bu ýerde
adalatlylyk bolmaýar.
Bu adalatsyzlyk gözbaşyny sowet döwründen, bilimdäki korrupsiýadan alyp gaýdýar.
Türkmenistanda ýokary okuw jaýyna girýänleriň togsan prosente golaýy “arkaly”, “süýregli”
adamlar. Olaryň içinde “süýregi” has güýçli bolanlary ýokary wezipelere çekilýär we “oýnuň”
düzgünlerini bozman, seresaplyk bilen ýokary galmaga çalyşýar.
G.Berdimuhamedow şu “esaslarda” prezident boldy. Emma bu ýol-ýoda örän gazaply, onda
“ýeňijiler” G.Berdimuhamedow, R.Meredow. W.Otçersow ýaly juda az sanly “bagty çüwenler”
bolýar; B.Şyhmyradow, Ý.Gurbanmyradow, R. Saparow, S.Seýidow, M.Nazarow, G.Atajanowa…
ýaly kän kadr bolsa ýanýar.
Elbetde, prezident Berdimuhamedow öz ösen höwürtgesini bozar diýip garaşyp bolmaz. Emma
onuň “kadr oýny” indi diňe başgalar üçin däl, özi üçin-de howply bolup biler. Bu Nyýazow üçin
hem howpludy, emma ol prezidentlige Berdimuhamedow ýaly ýaş gelmändi, saglygy ýaramazdy,
ogul-gyzyny ýurtdan çykaryp, kadrlary paýhynlap, wagt utup, mümkin boldugyça uzak saklanmaga
çalyşýardy. Nyýazowyň kadrlar bilen uzaga çeken “söweşinden”soň, meýdan tas boşady, ýöne bu
“oýun” Berdimuhamedowa näçe uzak başardar, şu belli däl.
Sebäbi türkmen kadrlaryna Nyýzaowyň beren sapagyna Berdimuhamedow tarapyndan uly wezipä
bellenýän ýaşlaryň arasynda hem düşünýänler az däl. Mysal üçin, birki ýyllykda jogapkärli bir
wezipä bellenen ýaş kadryň kakasyna “Kaka, maňa jaňam etme, öýe-de gelme, meniň soňumyň
näme bilen gutarjagy belli däl, soň size bir zyýanym ýetmesin” diýýendigi barada gürrüň ýaýrady.
Bu ýaş kadrlaryň nähili howply “oýna” goşulýandygyna akyl ýetirýändigini görkezýär.
Eger bu “oýna” akyl ýetirip goşulýanlar bar bolsa, onda olaryň içinde ondan utujy, ýeňiji bolup
çykmagyň pikirini edýänler hem bolmaly. G.Berdimuhamedow Nyýzowyň kadr paýhynlamasyndan
diňe tötänlik esasynda, hassa prezidentiň wagtynyň azalmagy netijesinde aman galdy. Indiki ýaşlara
bele tötänlige garaşmak manysyz, sebäbi Berdimuhamedow “sagdyn” durmuş ýörelgelerine
eýerýär.
Emma kadrlar barybir, Nyýazowyň büdrän daşlary bolşy ýaly, Berdimuhamedowyň hem öňünde
dur. Ol öz seçen, bellän kadrlary, olaryň goýberýän “düýpli kemçilikleri” bilen soňsuz söweşmeli
bolar. Şol bir wagtda kadrlar we il-gün “Balygyň başdan porsaýandygyny” bilýär.
Eger-de kadrlar özlerini Nyýazow döwründäki ýaly soňsuz paýhynlatsalar, bu olaryň öz
problemasy; il içinde, ýakyn hossarlary ýa peýdasy ýeten “dostlary” bolmasa, korrupsiýa çümen
hökümete goşulan kadra gynanýan ýok. Emma olar özlerini gorap bilseler, bu başga gep. Sebäbi
beýle ýagdaýda özüňi diňe il-ýurt bahbitlerini, uzak möhletli bähbitleri gorap halas edip bolar.
Kitaply biznes (10.09.2013)
“Ata arzuwyny amala aşyrýan agtyk” ýapon diline terjime edildi.
TDH Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde täze kitabyň prezentasiýasynyň
bolandygyny habar berýär.
Bu dabara uniwersitetiň mugallymlarydyr studentlerinden başga ýapon delegasiýasy, ministrlikleriň
we wedomstwalaryň, Ylymlar Akademiýasynyň, ýokary okuw jaýlarynyň baştutanlary,
Türkmenistandaky daşary ýurt ilçihanalarynyň ýolbaşçylary, habar serişdeleriniň başlyklary
gatnaşypdyr.
Mälim bolşy ýaly, bu kitap türkmen lideriniň Ýaponiýa etjek saparynyň öňüsyrasynda neşir edildi.
Eger Türkmenistandaky “kitaply biznesden” bihabar bolsaň, ýapon dilinde, ýapon okyjylaryna
niýetlenip çykarylan kitabyň prezentasiýasynyň Ýaponiýada geçirilmän, Aşgabatda geçirilmegine
geň galmagyň-da mümkin.
Emma “kitaply biznesiň” ýapon okyjylaryny däl-de, türkmen prezidentini, sada türkmenleri nyşana
alan döwlet propgandasynyň bir bölegidigini bilseň, bu ýerde geň galasy zat ýok.
Türkmenistandaky “kitaply biznesi” ilki başlan türk biznesmeni Ahmet Çalyk boldy. Ol prezident
S.Nyýazowyň adyndan çap edilen “Ruhnama” kitabyny ilki türk, soň beýleki dillere terjime etmegi
gurnap, türkmen lideriniň ejiz damaryndan tutmagy başardy.
Prezident Nyýazow Ahmet Çalygyň bu “beýik” hyzmatyna milliardlarça dollarlyk kontraktlar bilen
“taňryýalkasyn” berdi.
Soň bu tejribäni dünýäniň başga-da bir topar ýurdunyň biznesmenleri ulandy, ýagny “Ruhnama”
onlarça dile terjime edildi.
Indi bolsa G.Berdimuhamedowyň “eserleri”, ol hakda ýazylan “eserler” başga dillere terjime
edilýär.
Ýogsa-da, golaýda “Ruhnamanyň’ mekdep programmasyndan aýrylýandygy barada habar ýaýrady.
Emma prezident Berdimuhamedow Köpetdag şaýoluny görmäge baranda, ýene 12-nji sentýabrda
“Ruhnama” gününi bellemegiň ähmiýetini nygtady. Ol bu gezekki “Ruhanama” gününde Köşide
gurlan 600 orunlyk mekdebiň açylyş dabarasyny gurnamagy buýurdy.
Bu ýagdaý Berdimuhamedowyň “Ruhnamany” mekdep programmasyndan aýryp, öz syýasatyndan
aýryp bilmejegini aňladýarmy, ýa-da bu onuň öz adyndan çap edilýän “beýik eserler” halk aňyna
zor bilen ornaşdyrylýança wagt utmak üçin edýän oýnumy, muny bilmek kyn. Emma daşary ýurtly
biznesmenleriň türkmen liderleriniň “ýazyjylyk” keselinden, şöhratparazlygyndan ussatlarça
peýdalanýan wagtynda köp sanly türkmen telekeçisi, müňlerçe türkmen işçisi öz ýurdunda işsiz otyr
ýa juda az aýlykly işlerde işledilýär.
Mundanam beteri, ozal ýaş ýazyjy S.Nyýazow, indi öwrenje ýazyjy we alym G.Berdimuhamedow
sebäpli, ýurduň ýaşuly ýazyjylary Rahym Esenow, Tirkiş Jumageldiýew ýaly onlarça ussat
gadaganlykda saklanýar. Gara sanawa girizilen ýazyjylaryň 50 çemesi romanynyň iş stollarynyň
çekerinde, diktaturadan soň geljek ýagty günlere garaşyp ýatandygy barada maglumat bar.
Ýaşuly ýazyjy Ýusup Haýydow bolsa, S.Nyýazowyň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän iş
sebäpli türmä basylyp, şol ýerde ýazan kitabynyň bir nusgasyny döwlet arhiwine tabşyrandygyny
aýdýar.
“Kitaply biznesiň” ýene bir netijesi bolsa, Türkmenistanda adamlaryň kitaba, gazet-žurnala bolan
hormat-sylagy, ynam-islegi sowet döwründäkiden hem kän azalana çalym edýär. Mysal üçin,
golaýda “Azatlyk” radiosynyň habarçysy Röwşen Çaryýew Maryda 36.5 million dollara gurlan
kitaphananyň boş, tasdan okyjysyz durandygyny habar berdi.
Bu “kitaply biznesiň’, ýurtdaky kitap dükanlarynda, kitaphanalarda toplanan Nyýazowly,
Berdimuhamedowly “eserleriň” progrese däl, regrese getirýändigini, ýurdy we halky yza
çekýändigini aňladýar.
Kem-käsleýin adalat (23.09.2013)
Türkmen döwlet habarlar gulugynyňky hem aňsat däl, günde-günaşa hemme zat gülala-güllük diýip
ýazyp, birdenem onlarça ýokary derejeli resminiň parahordugyny, jenaýatçydygyn ýa olaryň
giýewisiniň, ogullarynyň azgyndygyny, kem-käsleýinem bolsa-da, habar bermeli.
Belki, TDH şu kem-käsleýin hakykaty aýdyp bileýänligi üçin hem özüni bagtly saýýandyr. Sebäbi
Türkmenistandaky garyp adamlar adalat kem-käs dabaralansa hem, özlerini biraz bagtly duýýarlar.
20-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatynda Türkmenistanda giň ýaýran häkimiýet
korrupsiýasy, parahorluk we ogurlyk faktlary bölekleýin tassyk edildi, adalat kem-käsleýin
dabaralandy.
Türkmenistanda durmuş ýörelegesine öwrülen para-peşgeş reallygy il içinde uludan-kiçä aýan
hakykat bolsa-da, propaganda metbugaty ony hemişe gijigip, prezident-prokuror “paş edişliginden”
soň, bölekleýin, kem-käs ýagdaýda tassyklaýar.
Hakykatyň, giň ýaýran parahorlugyň bölekleýin tassyklanmagynyň sebäbi ol ýokarda, prezident
derejesinde diňe bölekleýin, ýüzleý, diňe birinji ýolbaşça gerek bolan derejesinde boýun alynýar,
tutuş ýurdy gaplap alan sosial dert hökmünde ykrar edilmeýär. Bu ýagdaýy ykrar etmek, dogrusy,
prezidentiň özüniň şol korrupsiýanyň bir bölegidigini, belki-de sütüni bolup durýandygyny boýun
almak boljak.
Ýokary derejeli resmileriň wezipä geçmek üçin berýän paralary, olaryň maşgala agzalarynyň edenetdilikleri barada il içinde, toýda-ýasda, iki adamyň başy çatylsa gürrüň edilýär. Resmileriň,
intelligentsiýa wekilleriniň, ýönekeý adamlaryň arasynda bolýan “möhüm” gürrüňleri prezidente
gyzgyny bilen ýetirýän Milli howpsuzlyk ministrligi bu ýagdaýy Berdimuhamedowa aýtmaýandyr
diýsek, bärden gaýdarys (Eger ýurduň ýokary derejeli howpsuzlyk resmileri bolan Begmyrat
Otuzow bilen Haýyt Kakaýewiň eden özara gürrüňiniň ertesi S.Nyýazowa ýetirilişini, Kakaýewiň
işden kowlup, türmede ölşüni ýatlasak, bu ýerde nähili operatiw işlenýändigi düşünkli bolar.).
G.Berdimuhamedow ýurtda S.Nyýazow döwründe giň ýaýradylan, açyk satylan we toýlaryň,
oturyşyklaryň esasy keýpi bolan neşä garşy barlyşyksyz göreşen ilkinji türkmen lideri boldy. Ol
neşäniň türkmen halkynyň genefonduna howp salýandygyny açyk aýdyp bildi.
Emma hakykatda türkmen halkynyň genefonduna, döwlet bolup ýaşamagyna esasy howp salýan zat
neşe däldi, döwlet derejesinde goldanýan korrupsiýady. Neşe bolsa, şol belanyň, ýuwdarha
korrupsiýanyň bir bölegidi. Belki, Berdimuhamedow muny bilýänem däldir, ýa-da bilmedik
bolýandyr.
Çaklama teoriýalarynyň tarapdarlarynyň aýtmaklaryna görä, Berdimuhamedow neşä garşy göreşi
hem diňe propganda üçin, öz hojaýynlarynyň beren buýrugy esasynda yglan etdi.
Dildüwşik teoriýasyna ynanýanlar Berdimuhamedow häzirki çäklendirilen, kelte gaýdýan antikorrupsiýa göçümini hem diňe sahnanyň arkasyndaky agalarynyň buýrugy bilen etdi diýýärler.
Olaryň ynanjyna görä, şeýle bolmasa, köçe süpürijilerden, çagalar bagynyň terbiýeçilerinden
başlap, wise-premýerlere çenli öz içine alan korrupsiýa barada metbugatda diňe prezident ygtyýar
berende gysagaça maglumat berlip, galan wagt dymylmazdy.
Türkmenistanda metbugat hakynada täze, döwrebap kanunyň kabul edilendigi, metbugatda senzura
ýol berilmeýändigi habar berildi. Emma iş ýüzünde metbugat öňküliginde, diňe ýalan
propagandanyň guraly bolup galdy; onda türkmen jemgyýetinde kök uran sosial keseller,
korrupsiýa, döwlet derejesindäki ýalançylyk, bassyr-ýussur edilýän galplyklar, ogurlyklar barada
çuňňur analize, her taraply pikir alyşma hiç hili ýol berilmeýär.
Has dogrusy, bu prezident derejesinde ýa-da onuň bar diýilýän gizlin hojaýynlary derejesinde
çözülýän mesele hasaplanýar. Ýagny prezident metbugatdan “altyn asyr” ideologiýasynyň
dowamyny, “berkararlyk we bagtyýarlyk” ideologiýasyny, özüni öwmegi talap edýär, tankydy,
problema gozgaýan, derňew žurnalizmine degişli çynçyl makalalary gadagan edýär. Şu ýagdaý hem
korrupsiýanyň öňünde ýaşyl çyra ýakýar.
S.Nyýazowň ýurdy ýekemen dolandyran döwründe parahorluk biraz gizlindi, adamlar biraz
çekinýärdi. Emma G.Berdimuhamedow döwründe bu durmuş ýörelgesine, ýaşajak bolsaň hökman
edäýmeli bir zada öwrüldi we adamlar çekinmelerini, ikirjiňlenmelerini örän azaltdylar.
Ýene bir tapawut, S.Nyýazow döwründe onuň kesilmän efire berilýän gürrüňlerinde käte uly
hakykatyň hem üsti açylardy. Mysal üçin ol bir gezek teleýaýlymda berlen çykyşynda “Ýokarda biri
alýan bolsa, aşakdakylar arkaýyn alýar, ýokardaky almasa, aşakdaky almaga gorkar“ diýipdi.
Emma şol döwürde diňe baş prokuror G.Atajanowanyň tassyklamagynda teleýaýlymda ile ýaýylan
faktlar hem, derňelse, türkmen hökümetiniň uly wezipeli adamlarynyň aglaba köplüginiň doýmazdolmaz parahor, ahlaksyz aýalbaz, messepsiz neşekeş bolup çykjagyny görkezýärdi.
TDH-niň 20-nji sentýabrda geçirilen hökümet maslahatyndan taýýarlan ýüzleý, köp detaly
açmakdan saklanan hasabaty bu ýagdaýyň şindem üýtgemändigini aýan etdi:
“Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesinde işlän M. Garaýew 1993-nji ýylyň fewral aýyndan 2013nji ýylyň awgust aýy aralygynda prokuratura edaralarynda dürli ýolbaşçy wezipelerde işläp,
wezipeli adam bolup, öz gulluk ygtyýarlyklaryndan şahsy maksatlary üçin hyýanatçylykly
peýdalanypdyr.
Barlagyň netijesinde Türkmenistanyň kanunlarynyň gödek bozulandygyny, şol sanda para
alnandygyny, has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýynyň
edinilendigini we gymmat bahaly awtoulaglaryň birnäçesiniň satyn alnandygyny görkezýän
ýagdaýlar ýüze çykaryldy. Şol sanda köp aýallylygy tassyklaýan ýagdaý äşgär edildi. Neşe
serişdeleriniň ulanylmagy ýüze çykarylan düzgün bozmalaryň hatarynda görkezildi.”
G.Berdimuhamedow prezidentliginiň ilkinji ýyllarynda kanun goraýjylara hiç kimiň, hatda
prezidentiň aýal doganlarynyň, ýegenleriniň hem kanundan ýokarda bolmaly däldigini ýatladypdy.
Emma il içindäki hakykat prezidentiň aýal doganlarynyň, ýegenleriniň, A.Dadaýew ýaly ýakyn
dostlarynyň, ýokary wezipeli adamlaryň has artykmaç hukuklardan peýdalanýandygyny, olara
gezek gelende kanun maddalarynyň diňe bir taraply işleýändigini görkezýär.
Bu ýagdaýy Aşgabat şäheriniň ozalky prokurory M.Garaýewe garşy açylan jenaýat işiniň deslapky
derňewleri hem tassyk edýär:
“…barlagyň barşynda daşary ýurt pullary görnüşinde örän köp pul (1 mln. 533 müň 500 amerikan
dollary), altyndan we kümüşden edilen gadymy, gymmat bahaly we 157 müň amerikan dollaryna
barabar bahaly şaý-sepler ýüze çykaryldy. Şeýle hem M.Garaýewe Aşgabat şäheriniň Bitarap
Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi
gowulandyrylan 160-njy jaýdaky 70-nji oý, şeýle hem “BMW-X-5” we “Toýota Korolla” kysymly
awtoulaglar gozgalmasyz edildi” diýip, TDH ýazýar.
Türkmenistanyň baş prokurorynyň aýtmagyna görä, bu “düzgün bozmalar ejir çekenleriň we
şaýatlaryň görkezmeleri bilen dolulygyna tassyklanypdyr”. Şeýle-de ol M.Garaýewiň “özüne
bildirilen günäni doly boýun alyp, görkezme hem berendigini” aýdýar. Bu “boýun aldyrma”
Nyýazow döwründe türmä basylan, bikanun gazanan emläkleri konfiskasiýa edilen öňki resmileriň
hemmesiniň diýen ýaly geçen ýoludy.
Türkmen prezidentinň geçirdýän köpçülikleýin çärelerinden, bagtlylygy, işjeňligi görkezmäge
gönükdirilen ýasama toý-baýramlardan, konfernsiýalardan bizar bolan arassa adamlar, hemişe dile
almasalar-da, ýurtda bir gün korrupsiýa garşy göreşiň yglan edilmegine sabyrsyzlyk bilen
garaşýardylar.
Şu nukdaý nazardan, prezidentiň birden diýen ýaly başlan anti-korrupsiýa kampaniýasy gowy
täzelik. Ýöne munuň dowamly, yzygiderli göreş boljagyna, ýurtdaky arassalyk, düzüwlik
kampaniýasyna öwrüljegine hiç kim ynanmýar.
Ýogsa bu ýerde daýhanlaryň, ýönekeý işçileriň garyplykda ýaşamagynyň sepäplerini
(“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşiginiň başlygynyň ýardam bermegi bilen ýol berlen
düzgünbozmalar, “Türkmenpagta” döwlet konserniniň ýolbaşçysynyň hem-de Aşgabat şäheriniň
häkiminiň orunbasarynyň ýardam bermeginde eden jenaýatçylykly hereketi, “M.Garaýew Daşoguz
welaýatynyň prokurory wezipesinde işlän döwründe Daşoguz welaýatynyň Gubadag we
S.A.Nyýazow adyndaky etraplarynyň Ak altyn söwda-pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärlerinden
umumylykda 25 müň amerikan dollaryny para alypdyr”), paýtagt şäheriň prokurory ýaly wezipä
ýetmek üçin nirelerden we näçe para alyp başlamalydygyny yzarlap bolýan, oturyp birnäçe tomluk
roman ýazyp boljak material bar.
Eger G.Berdimuhamedow hakyky ýazyjy bolsa, elinde material bar, başga işini goýup, şu barada
ýazmaly. Eger-de prezident okyjylar özüniň çagalyk ýatlamalaryna has sabyrsyz garaşýandyr öýtse,
ýurtda işsiz oturan ýüzläp ýazyjy bar, jenap Garaýewiň Aşagbadyň baş prokurory wezipesine çenli
geçen gara ýoluny yzarlaýan gyzykly roman ýazdyrsa, nähili peýdaly bolardy.
Emma onuň beýle haýyr işi etjegine hiç kim ynanmýar, bu halkyň öz prezidentiniň aýdýan
sözlerindän däl, edýän hereketlerinden çykarýan gynançly netijesi. Bu S.Nyýazow döwründe-de
şeýle bolupdy. “Baky beýik” Nyýazow Rejep Saparow, Ýolly Gurbanmyradow, Gurbanbibi
Atajanowa ýaly öz sag gollaryny “kesende”, il içindäki aga-gara düşünýän adamlar “olar seniň
oýnaýan gara oýnuň atlary, pilleri we perzileri ahyryn, sen olary aýryp, täze pyýadalary ýokayk
çykararsyň, soň olary hem hapa çümdürip zyňarsyň, başga zat etmersiň, biz bu oýna belet, çaga ýa
samsyk däl” diýýärdiler.
Wise-premýerler Muhammedow, Ýegeleýew barada aýdylan, emma köpüsi ýaşyrylan zatlardan çen
tutsaň, G.Berdimuhamedow Nyýazowyň “ýoluny” dogrudanam dowam etdirýär. Bu ýol prezidentiň
permanlary bilen täze işe bellenen adamlara bikanun baýamaga uly mümkinçilik döredýär, halka
welin gymmat düşýär.
Ýöne ýene bir hakykaty aýtmaly, garyp halk parahor emeldarlar işden aýrylyp, türmä basylsa,
gazanan bikanun baýlygyny ýitirse, birazajygam bolsa begenýär. Emma adamlar ýurtda il
betbagtlygyna getirýän korrupsiýanyň sütünleri bolan resmiler, Ministrler kabinetiniň başlygynyň
orunbasary, Türkmenistanyň prezidentiniň diwanynyň we Ministrler kabinetiniň iş dolandyryjysy
H.Muhammedow ýaly “başga işe geçip” aman galsa, wise-premýer A.Ýegeleýew ýaly aýby doly
aýdylman goýberilse, gaty gynanýar we döwlete bolanja ynamyny hem ýitirýär.
Babaraply Arkadagyň ýalançy teatry (08.12.2013)
Türkmenistanda Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýene-de ýüzlerçe (630) tussagyň günäsiniň
geçilendigi habar berildi. Prezident G.Berdimuhamedow kanun goraýjy guramalaryň
ýolbaşçylaryna günäsine düşünen we toba eden adamlaryň baýramçylyk günlerini öz maşgalasynyň
arasynda geçirmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Mundan başga, prezident ýerli ýolbaşçylara türmeden çykan adamlaryň iş bilen üpjün edilmegi,
olaryň gaýtadan jemgyýetiň doly hukukly agzasy bolmagyna kömek berilmegi barada hem tabşyryk
berdi. Ol indi şeýle tabşyryklary her baýramçylykdan öň, her gezek ýüzlerçe adam tussaglykdan
boşadylanda berýär. Emma olar näderejede ýerine ýetirilýär, bu belli däl. Sebäbi Türkmenistanda,
resmi sanlar çap edilmese-de, işsizlik ýokary bolmagynda galýar (Hut şu işsizlik hem ýurtda jenaýat
edýänleriň köpelmegine, türmeleriň her näçe günä geçilse-de doly saklanmagyna sebäp bolýar.).
Türmeden çykanlar, ýagny ady “gara” adamlar däl, mekdebi, okuw jaýlaryny tamamlan, ýa-da öz
ugrundan hünärli adamlar hem gowy aýlykly iş tapmakda uly kösençlik çekýärler. Iň ýamany bolsa,
haýsy işe, hatda sübsegärlige girjek bolsaň hem para bermeli. Para bermek we almak, iň ýokary
derejelere çenli, kadaly bir zada öwrülen hem bolsa, hatda bu ýagdaý prezidentiň käbir kararlary
esasynda tassyk edilýän hem bolsa, resmi metbugat bu meseläni diňe bir ýagdaýda, golaýda mugt
benzin galplygynda tutulanlaryň propaganda üçin ulanylyşy ýaly matlaply ýagdaýlarda, birtaraply
şertlerde gozgaýar. Şol bir wagtda il içinde prezident maşagalasynyň “biznesi” hakynda barha kän
gürrüň edilýär.
Türkmenistanda giň ýaýran işsizligiň bir sebäbi ýurtda çuň ornaşan hökümet (prezident we
ministrler, häkimler, kanun goraýjylar) korrupsiýasy, işleriň, gurluşyklaryň indi iki onýyllyk bäri
esasan daşary ýurtly işçilere berilýändigi bilen düşündirilse, ikinji sebäbi oba hojalygynyň tas
gulçulyk zähmetine öwrülmegi, ozalky kolhoz-sowhozlaryň emläginiň talanmagy, ýer-suw
meselesindäki eden-etdilikler bilen bagly hasaplanýar.
Üstesine, ýurtda bazar ykdysadyýetine geçmek hem haýal barýar, häkimiýetler halk hojalygynyň tas
ähli pudagyny, bazarlary, söwdany öz kontrolluklarynda saklamaga çalyşýarlar, hususyýetçilik
hökümet korrupsiýasy zerarly giňäp we çuňlaşyp bilmeýär.
Türkmenistanyň dünýäde iň bir repressiw ýurtlaryň biri hasaplanmagy täzelik däl. Halkara hukuk
guramlary her ýyl, dürli sebäpler, hususan-da 10-njy dekabrda bellenýän Halkara Adam hukuklary
güni mynasybetli resmi Aşgabady öz boýun alan hukuk borçlaryny ýerine ýetirmäge çagyrýarlar.
Mysal üçin, golaýda, ÝHHG-nyň Warşawada geçen ýyllyk adam hukuklary konferensiýasynyň
gapdalynda dünýäniň 54 jemgyýetçilik guramasy toplanyp, “Olary diri görkez” diýen kampaniýa
başlady. Bu guramlar 11 ýyl ozal prezident S.Nyýazowyň janyna kast etmekde günäli bilnip,
türkmen türmelerine basylan we şondan bäri hiç bir habar eşidilmedik adamlaryň soňky ykbalynyň
belli edilmegini gazanjak bolýar.
Gynançly ýeri, türkmen türmesinde dereksiz ýitenler diňe 25-nji noýabrçylar däl. 2008-nji ýylda
Norwegiýadan yzyna, watanyna dolanan türkmen dissidenti Gulgeldi Annanyýazow hem türkmen
türmesinde dereksiz ýitenleriň biri. Ol Norwegiýadan dolanyp geleninden soň, Aşgabatdaky öýünde
tussag edilip, ýapyk sudda döwlet serhedini bozmakda aýyplanýar we 11 ýyl türme tussaglygyna
höküm edilýär. Şondan bäri ony ne gören bar, ne-de eşiden.
BMG-niň eden-etdilikli tussag etmeler boýunça iş topary syýasy aktiwist Gulgeldi Annanyýazowyň
bikanun, halkara kanunçylygyny bozmak esasynda tussagda saklanýandygyny, onuň parahat syýasy
aktiwliginiň halkara kanunlary tarapyndan goralýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň hökümetini
dissidenti haýal etmän azatlyga goýbermäge hem-de oňa kompensasiýa tölemäge çagyrýar.
Emma Türkmenistan, döwlet eýeçiligindäki mediasynda halkara borçlaryny gyşarnyksyz ýerine
ýetirýändigini tekrarlasa-da, bu hili çagyryşlary, asla eşitmeýän ýaly, gulagynyň duşundan geçirýär.
Şol bir wagtda Türkmenistan özüni köppartiýaly, azat we adalatly saýlawlary geçirýän ýurt
hökmünde görkezmäge çalyşýar. Emma bu juda ýasama hem gülkünç görünýär. Sebäbi ikinji
syýasy partiýa diýilýän Senagatçylar we telekeçiler partiýasy prezidentiň görkezmesi esasynda,
onuň hususy biznes işlerini ýöredýän adam diýip bilinýän Aleksandr Dadaýewiň praktiki
ýolbaşçylygynda döredildi.
Ýurtda ilkinji hususy gazet diýilýän “Rysgal” gazeti hem şeýle ýagdaýda, prezidentiň ýakyn
dostunyň we iş şäriginiň kontrollygynda döredildi we şunuň bilen adamlaryň metbugat hakyndaky
täze kanunyň türkmen žurnalsitlerine berýän kanun, hukuk, azatlyk, senzuradan boşamak
mümkiçiliklerinden peýdalanmak umytlary ýene bir gezek puja çykaryldy.
Türkmensitanda soňky on ýylda kanunlaryň halkara standartlarynda kämilleşdirilýändigi aýdylýar,
emma ol kanunlaryň işlejegine adamlar ynanmýar. Sebäbi ýurtda her bir wezipeli adam, bikanun
baýlyk toplan gatlak kanundan ýokarda durýar we sudlar garaşsyz däl, metbugat azatlygy, söz
azatlygy düýpden inkär edilýär, adamlaryň barara, arz edere hiç bir ýeri ýok
Emma türkmen hökümeti gözboýagçylyk, halkara jemgyýetçiliginiň gözüne çöp atmak,
Türkmenistany asuda we abadan, hiç bir problemasyz, demokratik, hukuk döwleti edip görkezmek
ugrundaky nalajedeýin we gözgyny synanyşyklaryny dowam etdirýär.
Aýdaly, 15-nji dekabra bellenen parlament saýlawlarynda kandidatlyk ugrunda bäsleşjek 283
dalaşgäriň arasynda ýekeje-de oppozision pikirli adam ýok. Aslynda adamlar, halk köpçüligi indi
ýurtda soňky 20 ýylda toplanan sosial, syýasy, ykdysady meseleleri gozgap, halk bähbitleriniň,
saýlawçylaryň isleg-arzuwlarynyň goragynda durup, parlamentiň sessiýalarynda öz sözüni aýtjak,
ýerine ýetiriji hökümetiň, prezidentiň öňünde mesele goýjak deputatlaryň bolup biljegine hem
ynanmaýarlar. Bu ýagdaý ilat arasynda saýlawlara, syýasata, jemgyýetde bolýan zatlara bolan
gyzyklanmany sowet ýyllaryndakydan hem pes derejelere düşürdi.
Hawa, Türkmenistan sanlyja günden ýene bir Bitaraplyk baýramyny bellär. Emma adamlar bu
baýramda şatlanarmy? Bu soraga “hawa” diýip jogap bermek kyn. Sebäbi adamlar
baýramçylykdan, dabaradan we çärelerden ýadadylar. Adamlar, hemişe açyk bolmasalar-da,
ýasama, ýalan şatlyk-şowhundan, galp dabaralardan halys ýadandyklaryny, dogrusy bizar
bolandyklaryny aýdýarlar. Emma hökümet, prezident we onuň hakyna tutulan ideologlary ýalan
sahnany bezemegi, ulaltmagy, oňa mümkin boldugyça kän ähmiýet bermegi, türkmen döwletliligini
syýasy-ykdysady çeperhöwesjeňlik bilen gülkä öwürmegi dowam erdirýärler.
Netijede, Türkmenistanda dünýäde görülmedik Ýalançylyk teatry döredildi, onuň baş artisti bolsa
Türkmenbaşynyň ornuny alan babaraply Arkadag. Golaýda 22 ýaşyny bellän Ýalançylyk teatrynyň
sahnasynda döwlet ideologlarynyň tabşyrygy esasynda geýnen mejbury artistler, saýlanyp alnan
raýatlar, bellenen deputatlar, birki ýyldan parahorlukda aýyplanjak eli galamly ministrler we
häkimler, don-telpekli ýaşulular, milli lybasly gyzlar, tahýaly we ak köýnekli oglanlar “çykyş
edýärler”.
Emma ol sahnada hakyky halk ýok; soň türmä basylýan ozalky resmiler, garyp-gasar ýaşulular,
garry eneler, işsiz we okuwsyz galýan oglan-gyzlar, türmä ýa dälihana basylýan, zor bilen
dymdyrylýan dissidentler ýok; daşary ýurtlara gidýän we şol ýerden yzyna gaýtmajak bolup
pasportlaryny ýyrtýan ýigitler, ýa bolmasa daşary ýurtlara söwda etmäge gidip, ten satýan zenanlar
hem ýok; bu sahnada öz bolşy ýaly görkezilýän janly, kynçylykly we prezidentden başlap sübsegäre
çenli hemmeler üçin gorkunç, azat däl durmuş ýok. Türkmen ideologlary ol durmuş hakykatyny,
halk problemalaryny şeýle ýasama sahna, Aşgabatda salnan beýik jaýlar we giň ýollar bilen ýapyp,
dünýä görkezmejek bolýarlar. Emma bu Günüň öňüni etek bilen ýapjak bolandan enaýy
görünmeýär.
Ata çykan mejlishalar (28.12.2013)
Türkmenistan, eger islese, hökümet derejesinde mejlis, maslahat, ýygnak, çäre, baýramçylyk,
şowhun-dabara geçirmekde hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girip bilerdi. Obrazly aýtmaly bolsa,
G.Berdimihamedowyň häkimiýete gelmegi, ata çykmagy mejlisleriň, boş dabara-şowhunyň, ýalan
bagtyýarlygyň ata çykmagy boldy.
2013-nji ýylda Türkmenistanda Ministrler kabinetiniň 48 mejlisi, dürli meselelere bagyşlanan 16
maslahat, wideo-şekilli iş maslahatlarynyň 41-si, döwlet howpsuzlyk geňeşleriniň 14-si geçirildi.
TDH bu geçirilen mejlislerdir maslahatlarda syýasy, ykdysady we sosial meselelere seredilendigini
belleýär.
Eger bir ýylda 365 ýa 364 gün bar diýsek, Türkmenistanda 2013-nji ýylda 119 gün prezident
derejesindäki ýygnak bilen geçirilipdir (bu ýygnaklaryň ýerli derejelerde gaýtalanmasy hem nazara
alynmaly!). Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda prezidentiň geçirýän ýygnaklaryna ýurt
derejesindeki ýolbaşçy işgärleriň hem uly bölegi gatnaşýar. Diýmek, prezident bilen bile şol
ýolbaşçylar hem gününi ýygnakda, öz gönüden-göni ýolbaşçylyk etmeli pudagyndan üzňelikde
geçirýär.
Eger-de TDH-nyň berýän maglumatlaryndan çen tutulsa, Ministrler kabinetiniň mejlislerinde we
wideo-şekilli iş maslahatlarynda, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň ýygnaklarynda prezident öz
ministrlerinden we beýleki pudak ýolbaşçylaryndan edilen işler, berlen anyk tabşyryklar boýunça
hasabat soraýar, soň ol berlen hasabatlar boýunça bellik edýär we goşmaça tabşyryk berýär. Käte
prezident ministrleri we beýleki pudak ýolbaşçylaryny berk tankyt edýär, käbir ýolbaşçylary işden
aýyrýar, käbirlerine berk ýa ýumşak käýinç berýär.
Ýöne TDH bu mejlislerde, maslahatlarda bolýan anyk zatlary, edilýän anyk gürrüňleri berk
senzuradan geçirilen, ýylmanan we owadanlanan görnüşde, şol bir galypda ile ýetirýär (ýa-da olarda
hiç hili üýtgeşiklik bolmaýar). Olar, diňe geçýän seneleri, günleri diýmeseň, köplenç bir-biriniň
gaýtalanmasy, şol bir zatlaryň ýanjalmasy, tekrarlanmasy bolup çykýar. Mundan başga, olarda
ulanylýan sözler, söz düzümleri, jümleler hem şol bir galyp, bir-birinden göçürme bolup çykýar we
käte bu habarlary taýýarlaýan adam ýa adamlar hakykatda ýygnaga, mejlise gatnaşman, ozalky
ýazylan habarlary çala üýtgedip çap edýän ýaly diýen pikirler hem döreýär.
Aýdaly, adatça, mejlisi ýa maslahaty prezident adat bolan giriş, açyş sözleri bilen açýar. Onuň şol
açyş sözi efirde, telewideniýede hem eşitdirilýär. Emma ol açyş sözleri köplenç umumy, şol bir
wagtda ozalky geçirilen mejlislerdäki açyş sözleriniň sözme-söz gaýtalanmasy bolýar. Ýagny bu
ýerde mejlisiň ýa iş maslahatynyň hakykatda näme üçin, nähili anyk meselä bagyşlanyp
geçirilýändigi, oňa nähili zerurlygyň bolandygy aýdylmaýar.
Eger ozalky prezident S.Nyýazowyň geçiren ýygnaklary bilen deňeşdirseň, häzirki mejlisler juda
umumy, mazmun taýdan garyp we tomaşaçy, diňleýji üçin örän gyzyksyz diýip aýdyp bolar.
Türkmenbaşynyň ýygnaklary propaganda toruna düşmäge taýýar sada adamlary hakykatdan hem
jadylap bilýärdi, emma Arkadagyň ýygnaklary hatda propaganda, döwlet ýalançylygyna, hökümet
aldawyna, resmi ýalana meýilli, ony sorag astyna almaga het edip bilmejek adamlary hem özüne
çekip bilmeýän ýaly görünýär (Ertir.comda Türkmenbaşa ‘mähriban atam’ diýýän 30 ýaşly ýaşlar
näçe diýseň tapylýar, emma Arkadag propagandasy beýle miwe bererden daş!).
Milli telewideniýäniň gepleşikleriniň, hususan-da resmi propagandanyň il içindäki meşhurlygy
barada ýönekeý pikir soraşlyk geçirilse, Türkmenbaşy we Arkadag propagandalarynyň il aňyna
ýetirýän täsiri barada has anyk gürrüň hem edip bolardy. Emma Türkmenistanda beýle pikir
soraýyşlary geçirip bolmaýar, diýmek, hakykat islenmeýär.
Nasistik Germanaiýada propagandanyň atasy bolan Jozef Gebbels ‘eger ullakan ýalan sözleseň we
ony ýeterlik derejede gaýtalasaň, adamlar ahyrynda oňa ynanar’ diýipdir. Emma Türkmenistanda
gaýtalanýan uly ýalan, Arkadagyň ynandyrjak bolýan ‘üstünlikleri’ we ‘bagtyýarlygy’ adamlary
ahyrynda özüne ynandyrar diýip boljak däl. Sebäbi, ýurtdaky problemalar, durmuş-ýaşaýyş
aladalary, baýlar bilen garyplaryň arasynyň barha giň açylmagy adamlary, isleseler-islemeseler,
pikirlenmeli edýär. Emma hökümet bu prosese üns bermän, şol bir ösüş sanlaryny gaýtalamagy
dowam etdirýär.
Mysal üçin, Ministrler kabinetiniň 2013-nji ýylda geçirilen mejlisleriniň, gör, näçesinde uly ösüş
sanlary getirildi, emma şol diýilýän ‘ösüşler’ adamlaryň maşgala býujetine nähili täsir ýetirdi, bu
barada aýdylmýar. Ýa-da ýurtda milliardlap dollar harçlanyp gurulýan gurluşyklar näçe adam üçin
iş orny boldy we ýurtdaky işsizlik näderejede çözüldi, geljekki planlaşdyrylan proýektler bu
meselede nähili üýtgeşme döretjek, bu barada hem aýdylmýar.
Bu inkär edip bolmajak fakt, Türkmenistandan on müňlerçe adam daşary ýurtlara gidip işleýär,
okaýar, emma döwlet, hökümet şol adamlaryň ýurda gelmegi, türkmen ykdysadyýeti üçin işlemegi
üçin anyk teklipleri orta atyp bilmeýär. Eger Ministrler kabinetinde ýurtdaky syýasy-ykdysady,
sosial meseleler barada hakykatdan hem gürrüň edilýän bolsa, şu hili çynlakaý we gyssagly çözgüt
talap edýän meseleler hem ara alnyp maslahatlaşylmaly ýaly.
Türkmenistanda her baýramçylyga gabat ýüzlerçe tussag türmeden boşadylýar. Ozaly şol tussaglar
nädip jenaýata baş goşdy? Bu barada hem Ministrler kabinetinde gürrüň edilmeýär. Emma
Ministrler kabinetinde şol möhletinden öň türmeden boşadylan tussaglary işe ýerleşdirmek barada
welin gürrüň edilýär. Emma ol tabşyrygy ýerine ýetirmek mümkinmi? Eger ýurtda iş ýerleri ýeterlik
bolmasa, işe girjeklerden müňläp dollar soralýan bolsa, türmeden çykan tussaglar işe ýerleşip
bilermi?
Aslynda, kanun, sud, prokuratura, polisiýa sistemasynda giň ýaýran parahorluk barada hem, beýleki
korrupsiýa pudaklary barada hem Ministrler kabinetinde anyk gürrüň edilmeýär.
Doly döwlet eýeçiliigndäki habar serişdeleriniň ‘bedew bady bilen öňe barýan ýurt’ hökmünde
wasp edýändigine garamazdan, ýurtda syýasy-ykdysady ýa sosial özgerişlikler az, oňa derek bir
adamyň hökmürowanlygy, has dogrusy mejlisleriň we baýramçylyk çäreleriniň hökmürowanlygy
dowam edýär. Bu ýagdaý gelýän 2014-nji ýylda hem dowam eder.
Daňatar Agöýliýew
Haryň işi (21.09.2012)
Bolan waka
Dogrusy, halys ýadadym. Ýeri, şu täze kitaply
habary eşitmesem, bilmesem bolmadymy. Şony
eşitdimem, öňki-soňky ýadawlyklaryň hemmesi
üstüme topulan ýaly boldy. Düşnükli bolar ýaly,
birazajyk yza çekileýin.
Men işsiz, kitaplary çap edilmeýän ýazyjy. Has
anygy, ozal ýazyjydym. Ýa bolmasa, özüme
ýazyjydyryn
öýderdim.
Seýregem
bolsa,
kitaplarym, hekaýalarym çap edilerdi. Makalabeýleki ýazyp, döwrüň sesine özümçe ses goşardym. Ýöne birden: “Senden ýazyjam bolmaz,
žurnalistem, göteril” diýdiler. Nämemiş, men beýik serdaryň öňden görüji we uzak-uzak asyrlary
nazarlaýan aýdyň hem parasatly syýasatyna gowy düşünmeýärmişim.
“Bolýa-da” diýdim. Başga alaç hem ýokdy. “Bolýa” diýip, sag bol aýdyp gaýtmasaň, ertir öýüňden
bir ýerlerik alyp gidip, gowja “akyl” bermekleri hem daş däldi. “Bolýa” diýmän, akyl jaýyna
salnyp, akyllanyp çykan ýa daşary ýurtlara gaçyp gidip, ýat illerde sergezdan bolup ýören
ýazyjylaryň gününe düşmekden hudaý saklasyn! Bu meniň bäş wagtyna edýän dilegim.
Hawa, ýadadym. Ýazaýyn diýsem, galamym ýöränok. Okaýyn diýsem, ne gazet bar, ne žurnal.
Derdiňi ýa ýagdaýyňy aýdara hem, çynymy aýtsam, aýalyňdan başga adam ýok. Hiç kime syr
ynanar ýaly bolmady. Aýdan sözüňi üýtgedip, üstüne bir zatlar goşup, bir ýerlere ýetirmegi pişe
edinip ýörenem köpelmese, azalmaýan ýaly. Aýal görgülä-de hemme zady aýdyp, kellesini agyrdyp
oturasyň gelenok. Ýöne şonda-da, jan durmazlyk edip, şu gün irden: “Okara zadam ýog-aý” diýip,
çaý başynda içki pikirimi daşyma çykaranymy duýman galdym.
“Hana, prezidentiň kakasy hakda gyzykly kitap çykypdyr, oka şony – diýip, aýalym ajy ýylgyrdy. –
Syýasy düşünjäň össe, belki, saňa-da bir işjagaz bererler.”
Aýalymyň “täze kitap” diýýäni prezidentiň kakasy Mälikguly Berdimuhammedowyň doglan
gününiň 80 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çykarylan
“Watanyň wepaly ogly. Mälikguly aganyň tutuş ömrüniň işi” atly kitap eken.
Internete girip, türkmen hökümetiniň resmi sahypasyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet
uniwersitetinde täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasynyň bolandygyny bildim. Türkmen we rus
dillerinde çykarylan kitaby Türkmenistanyň prezidentiniň Arhiw gaznasynyň hünärmenleri çapa
taýýarlapdyr. Bu prezidentiň kakasy hakdaky kitap prezident tarapayndan döwletiň hasabyna
çykaryldy diýildigi bolýar. Emma munuň bilen hiç kimiň işi ýok, bolubam bilmez. Sebäbi biz
prezidente çäksiz hökümdar diýip düşünýäris, ýurt onuň mellegi, halkyň puly we maly onuň öz
ygtyýarynda, näme etse. Nirä sowsa, diňe öz işi, ondan hasabat sorajak bolmaz. Hasabat soramaly
diýenler, ýatlatmaň, nä günlere düşdi…
“Täze prezident okalýan kitaplary çykaryň” diýdi, indi gowy kitaplar çykyp başlar” diýýädiň, şo
gowy kitaplaryň biri bolmasyn birden, git-de al, bizem okaly” diýip, aýalym meniň pikire batanymy
görüp, ýene gep atdy. Men sesimi çykarman, çilimimi alyp, daş çykdym.
“Ýene “Ylham” seýilgähine gitjekmi? – diýip, aýalym yzymdan gygyrdy. – O taýda çilim çekip,
tutulaýmaweri birden…”
Çilim otlandym. “Çilimiňi goý” diýýärler. Aýalymdan soň bar mydarym şu, tüssesine siňip,
siňirden, nerwden saplanýan ýaly bolýaryn.
Aýalym bilýän eken. Bir görsem, nädip munça ýol geçipdirin, “Ylham” seýilgähine gelipdirin.
Ýazyjy-şahyrlaryň hatara dikilen heýkellerini synlap, pessaýja ädimläp, “Baky uka gitsem bir
gazaply gyş, Seň goýnuňda ýatmak miýesser etsin” diýip, Gurbannazar neressäniň setirlerini
gaýtalap barşyma, her heýkele aýratyn baş atyp, aýratyn salam berdim. “Hudaýa şükür, şu taýyk
gelme diýenoklar” diýip, heýkeller bilen salam-helikden soň, hudaýyň beren şojagaz bagtyna hem
şükür etdim. Şükür etmez ýalymy diý-dä!
Aň, akyl ýadawlygyndan beden ýadawlygy has gowy. Beden ýadasa, ýatyp, dynç alyp turup bolýar.
Akyl ýadawlygy, aň argynlygy adamy däli edýär. Kelle ýadasa, gözüňe çiş kakylan ýaly, ýatyp
bolanok. Ýöne şu ýerde biraz gezim etsem, birhili, ýüregime rahatlyk gelýän ýaly bolýar.
Gezim edip, ahyry bir ýerde dyz epdim. Oturanymdanam, birhili, gözüm ýumlup barýan ýaly
boldum.
“Bu kärdeşimiz-ä ýene biziň ýanymyzda ymyzgandy – diýip, golaýdaky heýkelleriň biri dillendi. –
Ýene bir zad-a bimaza edýär, ýogsa ýüzi beýle ýadaw görünmezdi.”
“Prezidentiň kakasy hakynda kitap çykypdyr, Türkmen döwlet uniwersitetinde we beýleki ýerlerde
tanyşdyrylyşy boldy. Şo habardan kejigip geldi öýdýän” diýip, heýkelleriň ikinji biri gürrüňe
goşuldy.
“Näme? Prezidentiň kakasy hakda kitap çykypdyr? – Aňyrrakdaky heýkelleriň biri sesini süýkdürip
sorady. – “O göle boşansa, mundan beter” diýleni bold-ow. Utananokmykar-aý? Ozalky bendäniň
masgara bolup gidenini bilip-görüp durlar-a!”
“Utanylýan bolsa, beýle zatlar bolmzdy, diýmek utanmaýan bolmalylar.” Ýene bir heýkel gürrüňe
goşuldy.
“Ozal atasy hakynda kitap çykarypmydy şu? – diýip, biri sorady. – Ene-atasy bilen yhlasly boljak
bujagaz oglan onda…”
“Hawa, şo diýeniň. – Ilki gürlän heýkel kinaýaly gepledi. – Bu kitap “Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow öz ene-atasy hakynda” diýen bölüm bilen açylýar.”
Men hem gürrüňe goşulyp, türkmen hökümetiniň “Altyn Asyr” internet sahypasyndan okan
zatlarymy gürrüň berjek boldum, emma başarmadym. Birhili, dilimden bir zat asylan ýaly,
ýuwdundym oturdym. Ýogsa, ol kitabyň “tanyşdyrylyş dabarasyna hökümet agzalary, parlamentiň
deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, belli “alymlar we
syýasatşynaslar”, medeniýet işgärleri, žurnalistler, şeýle hem paýtagtymyzdaky ýokary okuw
mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar” diýip, okumyşlygymy görkezip aljakdym.
Heýkelleriň biri meniň aýtjak sözümi agzymdan alyp diýen ýaly gürledi: “Tanyşdyrylyş
dabarasynda çykyş edenler “bu kitap uly terbiýeçilik ähmiýetine eýe” diýýärler. Ilkinji nobatda hem
türkmenistanlylaryň ýaş nesli üçin ägirt uly ähmiýete eýemişin…”
“Diýýän bolsalar, dogrudyr – diýip, aňyrrakdan bir heýkel gülüp gürledi. – Ozalky prezidentiň
kitaplaryny-da, onuň ene-atasyny-da ýerde-gökde goýmaýardyler. Emma indi olary ýatlaýan ýok.”
Men ýene gürrüňe goşuljak boldum. Emma ýene dilimden daş asylan ýaly boldy durdy. Onsoň,
bolmanda kimiň gepleýänini bir görüp bilmezmikäm diýip, gözlerimi açjak boldum, olaram
açylmady.
“Täze kitap prezidentiň “Men özüme berlen terbiýe, edep-ekram üçin ene-atama minnetdardyryn”
diýen sözleri bilen açylýarmyş” diýip, heýkelleriň biri meniň edil ýanjagazymdan seslendi.
“Terbiýe bolaýşyny! – diýip, beýle gapdalymdan henize çenli gürlemedik, gaharly bir heýkel
seslendi. – Terbiýe berlen bolsa, edep-ekramyň bolsa, beýle ýeňil, beýle oýnatgy, beýle göterim
bolmazdyň-a, oglan! Il bende öňkä “ýetim, ene-ata terbiýesini görmedik” diýýärdi. Senden ene-ata
terbiýesini gören adamyň etjek zatlaryna, asyllylyga, agraslyga, il-günüňe wepalylyga garaşylýardy.
Emma sen nätdiň?”
“Täze kitabyň ady “Watanyň wepaly ogly” diýýäler, Mälikguly näme wepalylyk etdikä watana?” –
Bu heýkeliň sesi hem meniň golaýymdan eşidildi.
“Beh, siz bu gün gürrüňi çynyrgatjak ýaly-la – diýip, aňyrrakdan bir heýkel seslendi. – Eý, gyrakçetdäkiler, geliň bärik, masalahat bar!”
Bu çakylykdan soň, aýak seslerinden heýkelleriň hemmesiniň birden bärligine, meniň oturan ýerime
tarap ýönelenini bilip, çaga ýaly, el çarpasym geldi. Ýöne elimem diýen etmedi. Emma kelläm
welin, edil daňdanyň ümsümligindäki sagat ýaly, şat-şat edip, barha gowy hem dury işleýärdi.
“Ölüler ozdurdy!” diýip, ýazyjy kärdeşlerimiň biriniň “Ylham” seýilgähi açylanda aýdan sözlerini
ýatladym. Ol şonda indi sylanýan, kitaplary çap edilýän ýazyjy-şahyr bolmak üçin öli bolmaly
diýipdi. Dirilere beýle hormat öňräkden bäri ýokdy.
“Ine, geldik, ýene näme gep tapdyňyz?– diýip, has çetden gelen heýkel bolsa gerek, haşlap gürledi.
- Ölemizsoňam arkaýyn dynç almak ýok öýdýän bize?”
“Mälikguly hakda kitap çykypdyr, şony maslahatlaşjak bolýas” diýip, heýkelleri bärik çagyran
heýkel düşündiriş berdi.
“Kimmiş-aý ol, ozal eşiden adymyz däl-le” diýip, has çetden gelen nägile heýkel sorady.
“Gurbangulynyň kakasy! Oba mekdebiniň mugallymçylygyndan serkerdelik derejesine çenli uly
hem şöhratly ýol geçipmişin. Uruş ýyllarynda goşgam ýazypmyş diýýärler. – Bir heýkel gülüp
gürledi. – Şu irkilip oturan kärdeşimiz bir gezek onuň goşgusy barada makala çap edilen gazetli
gelip, şu oturan ýerinde hapa-hapa sögünipdi. Şondan ýadymda galypdyr.”
“O kitaby okajak bolarmyka onsoň? Gurbangulynyň öz kitaplarynam-a okaýan ýok – diýip, bir
heýkel kikirdäp güldi. – Öňki prezident sürüjilik şahadatnama aljagam “Ruhnamadan” ekzamen
tabşyrmaly edip, zordan okadardy kitabyny. Bu beýle zorluk edenok bolsa-da…”
“Bu çäre zorlugyny edýär, uly ýa kiçi diýmän, daňdandan geçjek ýoluna çykardyp, hajathana-da
goýbertmän, adamlary depeleýär.” – Bu gaharly ses meniň edil alkymymdan eşidildi.
“Beh, bu milletiň öňki prezidentiň kitabyndan halys bolany azmydyka? –diýip, şu wagta çenli
gürlemedik ýene bir heýkel gürrüňe goşuldy. – Kitap çyn kitap bolmasa, ondan abraý däl,
biabraýlyk gelýänini bilenoklarmyka?”
“Olar kitaby biabraýlyklaryny ýapmak üçin ýazýarlar. – Bu-da täze gürrüňe goşulýan heýkeliň
sesidi. – Has dogrusy, olar kitap ýazdyryp, il içindäki janagyryly gürrüňleri başga ýana sowjak
bolýarlar. Il içinde prezidentiň ministr mahaly eden işleri, häzirki gol çekýän biznes şertnamalary
barada-da, onuň kakasy Mälikguly aganyň “biznesi” barada-da gowy gürrüň ýok…”
“Kitap ýazýan, il içinde azda-kande sylagy bar ýazyjy-şahyrlar-a gadagan, prezident bolanam
ýazyjy bolýar, beýle-de bir soňy gelmez wejeralyk bolarmy?” – Ýene bir heýkel gürrüňe goşuldy.
Men, dogrusy, merhum ýazyjy-şahyrlaryň bu aktiwligine haýran galýardym.
“Bolar, “türkmen bahary” gelmese, bu wejeralygyň soňy gelmez” diýip, uzakdan gelen gaharly
heýkel dişini gyjap gürledi.
‘Türkmen bahary” gelmez bu milletde, “meni urany hudaý ursun” diýip, bar zady Alla tabşyryp
oturan nalajedeýin adamlarymyz bar biziň.” – Bu meniň aýtjak bolan zadymdy, emma aýdyp
bilmedim.
“Öňki prezident kitap okar ýaly etmedi adamlary. Ýöne onuň “Ruhnamasyndan” daşary ýurtlaryň
ogry biznesmenleri gönenmek-gönendi. Baý, başga dillere terjime eden bolup, oýun oýnadylar-a!”
“Ol oýun entegem dowam edýär, indi olar Gurbanguly ussadyň kitaplaryny terjime edýärler.” –
Men heýkelleriň birden, çalt-çaltdan, gaharly hüňürdeşip, gygyryşyp başlanyny eşidip, gorkup
başladym.
“Il aglak bolsa, doňuz depä çykar” diýipdirler. Ite-de uýat ýagşy. Ýüzüne diýilmese, bilinmeýändir
öýdýärmikä? Türkmenem çöregi agzyndan iýýär-ä!”
“Olar utanmaz, pälindenem gaýtmaz. Sebäbi olar adamlary gorkuzýandyrys, oýnaýandyrys
öýdýärler.”
“Gorkuzma-da bar, oýnama-da. Wezipe berip, aýryp, ýene bir tapgyryna wezipe berip, ýene aýryp,
öňki prezident milleti gara ýer etmegiň “beýik” nusgalaryny galdyryp gitdi yzynda. Indi bu-da şol
oýny oýnaýar.”
“Wezipe berlenem köplenç azýar, ogurlyk edýär, sebäbi göreldesi şeýle. “Balyk başyndan porsar”
diýipdirler.”
“Bu gürrüňlerden netije ýok, bizi bu ýere näme üçin çagyrdyňyz, zeýrenişmek üçinmi? – diýip,
çetden gelen gaharly heýkel sorady. – Eger şeýle bolsa, dargalyň!”
“Zeýrenmän, başga elimizden geljek zat barmy? Diri ýazyjylar hiç zat edip bilenok, biz-ä bir öli…
“Oli arslandan diri syçan” diýmänmidirler?”
“Dirileri mal-dünýe bilen satyn alýarlar, biri-birine garşy goýýarlar, ogul-gyzlaryny, garyndaşlaryny
gorkuzýarlar, işden kowýarlar, türmä basýarlar, horlaýarlar, bize o zatlary edip biljek däller, biz
üýşüp, näme-de bolsa bir zat etmeli!”
“Ýuwaş, hana, ýene iki sany diri ýazyjy gelýär” diýip, heýkelleriň biri duýdurdy. Birsellem
ümsümlik boldy. Men “ol gelýän ýazyjylar kimkä, meni görmeseler ýagşy” diýip, öz ýanymdan
ünjä galdym.
“Gorkup oturma, bular ýaş ýazyjylar, seni tananoklar, seniň kitaplaryň çap edilýän wagty kiçijik
çagadylar” diýip, heýkelleriň biri eglip, gulagyma pyşyrdady.
Onýança gelýär diýilýän iki ýazyjynyň aýak sesleri golaýlady. Olar hem öz aralarynda täze çykan
kitap hakynda gürrüň edýärdiler.
“Bu edilýän gürrüňlere uly adam-a däl, çaga-da ynanmaz – diýip, olaryň biri inçejik ses bilen
jibrindi. – Mälikguly aga türkmen halkynyň ägirt uly sylagyna eýe bolanmyş, ýaşlar üçin mynasyp
göreldemiş. Millet indi “öňki ýer yrananda ýeke galan gowy eken, bular bir topar, doýmaz-dolmaz,
iň açgözi hem atalary, ozal milisige bolup, alan para-peşgeşlerini az görýär, gabryna äkitjekmikä
munça mal-dünýäni” diýýärler.”
“Ýuwaşrak-how, biri irkilip otyr bärde, daýylaryň şugulçysy bolaýmasyn birden, bagtymyzy ýatyrar
– diýip, ikinji ýazyjy pyşyrdap gürledi. – Hemme ýerde şugulçylary barmyş, “adamlary biri-birine
çatyp goýduk” diýip öwünýämişler.”
“Gorky ede-ede, ryswamyz çykdy” diýleni boldy biziňkem. Şu taýda, şu mukaddes ýerde-de
ýüregimdäkini aýdyp bilmenmi men? – Inçejik sesli ýazyjy pyşyrda pyşyrdy bilen jogap berdi. –
Başga biriniň ýanynda däl, seň ýanyňda dökýän-ä içimi men?”
“Bilýän, onda-da seresap bolaly, “Tamda gulak bar” diýipdirler. Yzymyza, gelen obamyza iberseler,
bir-birimizi görmekden geçen, eklenjek bolup, sygyr ýatak artyp, gamyş ýygyp geçmeli bolarys.
Bujagaz günümizi bir ýitirmejek bolaly diýýän men…”
Diri ýazyjylar geçip gitdiler. Men olaryň barha daşlaşýan aýak seslerine, hümürdilerine gulak gerip
oturyşyma heýkelleriň biriniň gaharly: “Bu bedibagtlaň bolup ýörşüni, özlerine ýazyjam diýýäler”
diýen sözlerine tisginip gitdim.
“Olar diri adamlar, gün-güzeran üçin näme etdirmezler? Dirä däl, ölä gynanmaly boldy, bizem
masgara edýärler indi” diýip, beýleki bir heýkel oňa jogap gaýtardy.
“Bize edilýän, edip boljak zat ýok, biz öz döwrümizde ýazjagymyzy ýazyp, diýjegimizi diýip
ýaşadyk. Bularyň masgaraçylygy bize sürtseňem ýokmaz” diýip, öz sözüne garşy çykylanyny
halamadyk heýkel gatyrganjak ýaly etdi.
“Bizi şu taýda hatarlap goýup, sylan bolýarlar, emma olar biziň ömür beren senedimizi, şygyrkyssany sylamadylar, diri ýazyjylaryň depesinden basdylar. Bu bizi masgara etmek däl-de, näme
bolýar. Olar bizi öz senedimiziň, sözümiziň garşysyna ulanýarlar!”
Bu sözlerden soň ara agyr dymyşlyk düşdi. Men bir ýerlerden barha güýçlenýän söweş
deprekleriniň sesini eşiden ýaly boldum. Onýança belent ses bilen okalýan goşgy setirleri ýaňlandy:
“Jahan giňdir, melamat kän,
Arada köýdi şirin jan,
Üstümuzde rehimsiz han,
Bil ahyr urmaly boldy” diýip, aňyrrakdan bir heýkel seslendi. Men ony okan bendinden bada-bat
tanadym.
“Magtymguly, aýama jan,
Biliň guşa, geý gazap don,
Hetden aşdy bu zalym han,
Ahyr tor gurmaly boldy” diýip, men ol goşgynyň soňky bendini serimde aýladym.
Bolsa-da, Magtymgulydan ýadymda galan setirler bar ekeni entäk.
“Besdir, diriler türkmen baharyna başlap bilmese, biz başlalyň! – Bu ses meniň oturan ýerimiň edil
alkymyndan eşidildi. – Ýogsa erteki gün, dünýäsini başgalasa, “beýik şahyr” diýip, Mälikguly
milisgäni hem biziň aramyza getirip oturdarlar.”
“Näme, öňki prezidentiň urşa baryp ýa barman atsyz-sorsuz ýiten kakasy ýurduň birinji gahrymany
bolanda, bu prezidentiň milisge kakasy beýik şahyr bolup bilmezmi? Gaty bolar. Onda-da ol bu
seýilgähiň iň gelim-gidimli, iň köp gül goýulýan heýkeli bolar. Ölerine garaşman, dirikä heýkel
dikmekleri hem ahmal şoňa!”
Bu sözler ozalam köräp duran közüň üstüne nebit sepilen ýaly etdi.
“Şo diýeniň-ä bolmaz-how!” diýip, gaharly heýkel gazaba münüp gygyrdy. Beýleki heýkeller hem
bu heýkele ses goşup, aýaklaryny ýere gaty-gaty urup, “Şo diýeniň-ä bolmaz-how!”, “Şo diýeniň-ä
bolmaz-how!” diýip gygyrmaga başladylar.
Bu gykylyga asman hem ses goşdy, gök gübürdäp, gumrynyň ýumurtgasy ýaly iri-iri damjalar patpat edip, bir eýlämde, bir beýlämde ýere gaçmaga durdy. Şol aralykda-da “Oguzkent” köşkler
toplumyna tarap ýöriş başlandy.
“Tur-aýt senem, ýör, bize goşul!” diýip, gapdalymdan geçip barýan heýkelleriň biri meni elindäki
hasasy bilen dürtdi welin, dünýä ýagtylyp gitdi. Men ilki näme bolanyna düşünmedim, ýöne soň
prezident köşgüne tarap sürlenişip barýan gaharly heýkelleriň arasynda arsyz adam, hakyky ýazyjy
ýaly, epeň-epeň ädimläp barşyma başym gök diredi.
“Ahyry adam sanyna goşuldym-ow – diýip, içimden monça bolup pikir etdim. –Dirileriň içinde hiç
kimdim, emma ölüleriň içinde mertebeli boldum, “ýör, bize goşul!” diýdiler.
Ýöne meniň bu begenjim uzaga çekmedi. Öňden eli rezin dürreli, kellelerine demir kaska geýen
polisiýa ordasy göründi. Ak at münüp, aldajy ordanyň öňüni çekip gelýän Mälikguly serkerde bolsa,
ses gataldýany agzyna golaýladyp, “Gaýdyň, öýli-öýüňize dargaň!” diýip, gazaply buýruk berýärdi.
Meniň aýaklarym titräp, dyzymdan ysgyn gaçyp başlady. Emma heýkelleriň göwni bir ýalydy. Asla
olar öňde biri bardyr, bir zat diýýändir hem öýtmän, aýaklaryny batly urup, ýer sarsdyryp
barýardylar.
Men gözüm bilen gözläp tapyp, bar güýjüm bilen Magtymgulynyň ýanyna ylgadym. Ol meniň ak
atly Mälikguly serkerdä gorkuly seredýänimi görüp, gaharly pyşyrdady:
“Haryň işi hardyr, dostlar,
Müň magtasaň, atça bolmaz.
Bedasyla emel ýetse,
Biliň, asylzadça bolmaz…”
Bu sözleri Mälikguly serkerde hem eşitdi gerek, ol: “Atyň, gaýgyrmaň, ot açyň!” diýip, polosiýa
ordasyna buýruk berdi.
Men Kalaşnikow awtomatlaryndan çagba ýaly ýagdyrylýan oklardan bukulyp, Magtymgulynyň
arkasyna duwlandym. Oklar meniň hem sagymdan, hem solumdan, hem depämden şuwlap
geçýärdi, emma heýkellere hiç kär etmeýärdi. Men muňa begendim, emma içimden “birden
heýkelleriň üstüne tank sürseler, ýa ýokardan topa tutsalar näderin?” diýip, ünji etdim.
“Gorkma namartlaryň köp diýip sanyndan!” diýip, Magtymgulynyň pyşyrdysy eşidilen ýaly boldy.
Onýança bir ýerden gyr at münen Seýitnazar Seýdi çykdy.
“Watan üçin çykdym gyr at üstüne,
Tä janym çykynça dönmenem, begler!
Dikdir serim, düşmen duşman astyna,
Sil deý aksa, gandan ganmanam, begler!”
“Öli turup, dirilere ýapyşar” diýip, ýene Magtymguly pyşyrdan ýaly boldy.
Men gorkymy basmak üçin Seýdiniň sesine ses goşmaga çalyşdym:
“Ilim üçin şirin jandan geçer men,
Düldül münüp, ganat baglap uçar men,
Namart dälem, hakdan kasam içer men,
Ýanyp duran nar men, sönmenem, begler!”
Edil şu ýerde-de biri çirkin ses bilen gulagyma gygyran ýaly boldy. Tisginip oýandym. Görsem, biri
öňümde ýüzüme dikanlap dur. Men ilki oňa Mälikguly serkerdedir öýtdüm. Emma ol otuz, otuz bäş
ýaşlaryndaky agajet ýigitdi, segsen ýaşan Mälikguly aga meňzeýän ýeri ýokdy.
“Agam, “nar men, sönmenem” diýip, bu ýerde gohlap oturmasaň bolmadymy?”
Men birbada näme diýjegimi bilmedim. Aljyranymy görüp, üstüme abanyp duran ýigit hasam
ezberlenen ýaly etdi:
“Hany, şahsyýetiň baradaky dokumentiňi görkez, bolup ýörşüň idili adama meňzänok seň?”
Men ätiýaç üçin ýanyma göterýän sürüjilik şahadatnamamy jübimden çykaryp, oňa uzatdym.
“Hany, pasportuň ýokmy?” Nirede işleýäň?”
“Pasportum öýde. Edil häzir işlämok. Kitap ýazýan…”
“Bu taýda näme işleýäň onda? Kitap öýüňde oturyp, ýa bolmasa Awaza ýaly ýere gidip,
arkaýynlykda ýazylmazmy?” – Ol hemleli gürledi.
“Ýazyp ýadadym-da, halypalardan ylham alaýyn diýip geldim, birden oturan ýerimde
ymyzganaýypdyryn.”
“Kitap ýazýan diýýäň welin, men bu hili atly ýazyjyny bilemok-la, ýalan sözleýän bolaýma?”
“Soňky ýigrimi ýylda kitabym çykmady, şondan bilýän dälsiň. Ýöne birki ýyldan çykar, täze
prezidentimiz okalýan kitaplary çap ediň diýýär indi” diýip, men ýagdaýy düzetmäge çalyşdym.
Emma bu tersine boldy.
“He-he, mundan çykdyň-ow, sen döwletiň syýasatyny goldamaýan gedemje ýazyjylardan bolmaly.
Şuňa meňzeş bir bolgusyzyň üstünden gelenimi ilki görenimdenem aňdym-la. Ýör, edara gideli, şol
ýerde arkaýynlykda gürleşeris seň bilen.” – Ol meniň ezenegimden tutup, öňüne salyp, idirdikledip
ugrady.
Men zordan: “Sen kim, meni nirä alyp barýaň?” diýip sorap bildim.
“Men Milli howpsuzlyk ministrliginden, seň ýaly akylsyzlary akylyna aýlamak bilen meşgul
bolýan. Sen maňa uklap oturan ýeriňden näme diýip gygyranyňy aýtjakmy ýa ýok? Eger aýtmasaň,
akyl jaýynyň ýerzeminindäki ýeke adamlyk kameralaryň birinde çüýremeli bolarsyň! ”
Men “ýazyjy, kitap ýazýan” diýip, dilimden bela galanyma diňe şundan soň düşündim. “Näme
etmeli?” Bir kärdeşimiň “daýylara gorkýanyňy bildirseň, barha beter üstüňe dyzarlar, deň durup
gürleşseň, yza teserler” diýeni ýadyma düşüp, daýawrak deprenip görmegi ýüregine düwdüm.
“Nätdiň-aý muny, ýerzeminde çüýreder ýaly, men serhet aşyp, tirýek getiripmidirin, ministr ýa
häkim bolup, petde-petde para alypmydyryn?”
Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgäri bu söze bir üşeriljek ýaly etdi, emma ýakamy goýbermedi:
“Onda gykylygyň nämedi, näme diýip gygyrýardyň? Men deňiňden geçibem gitdim, emma on
ädimden yzyma dolanyp geldim. Sen, birhili, hökümete garşy bir zatlar aýdýan ýalydyň?”
“Hökümete garşy zat aýdyp, men näme dälimi? Bar-bar, şu hökümetden bar, ýazyjy-şahyrlara
şeýdip, hatarlap heýkel dikýän hökümet barmy başga? Men näme üçin oňa garşy bolaýyn?”
“Sag bolsaň, şäheriň ortarasynda “namart dälem, hakdan kasam içer men” diýip, ala-gykylyk edip
oturmaň näme?” – Howpsuzlyk işgäri hem kem oturmady.
Men onuň adyny soradym, emma ol adyny aýtmady. Men gatyrganmamyň peýdasynyň azdygyny
görüp, oňa höre-köşe hem edip gördüm. “Ataň ýaly adamy beýdip horlap ýörmän, “indikiňe bek
bol” diýip, abaý-syýasat bilen kowup goýberseň bolmaýamy?” diýip, ýalan hoşamaýlyk hem etdim.
Emma ne gatyrganmamdan, ne ýalbaranymdan peýda boldy.
Ahyrynda onuň edarasyna, Milli howpsuzlyk ministrliginiň jaýyna gelip ýetdik. Ol meni kabinetine
salyp, gapynyň agzyndaky oturgyçda oturtdy-da, ýerine geçip, ilki bir kärdeşine, ondan soň
aýalyna, soň ýene birine jaň etdi. Onuň bolup oturşy, edýän gürrüňleri meniň bardygymy bireýýäm
ýatdan çykarana çalym edýärdi. Ýöne ahyry telefon gürrüňleri kiparlady. Ýadan bolarly, ol ýerinden
turup, ilki gerindi, soň agzyny giň açyp pallady. Şondan soň äpişgäniň öňündäki elektirk kitiri
suwdan dolduryp, çaý oturdyndy. Men agzymyň kepäp gidenini şu ýerde bilip galdym. Ol meniň
ýuwdunanymy görüp, içýakgyç ýylgyrdy:
“Gultunybam oturma, bu çaý seniň üçin däl, meniň üçin.”
“Bir käse çaý berseň-ä gözüme degerdi, inim, beýle rehimsiz bolma-da?! – diýip, men ony
ýumşatmaga synandym. – Uly ýerlerde işleýän ýigitler ula-kiçä sylanyşykly bolýa diýip
eşidýärdik…”
“Sylanyşyk iki taraplaýyn bolmaly, agam! – Ol maňa duşaly bäri birinji gezek “agam” diýip
ýüzlendi. – Bir käse çaýyň gürrüňi ýok, ýöne sen näme diýip gykylyklap oturanyňy düşündir.”
Men onuň aňsat ýakamy goýbermejegine düşünip, ilki bir gören düýşümi gürrüň bereýinem diýdim.
Ýöne beýtsem, has bulaşjagymy pikir edip, oturan ýerimden başga bir hekaýa tosladym:
“Düýşümde heýkeller menden ekzamen alýarmyka diýýän. Ýeke-ýekeden gelip: “Meniň goşgymy
bilýäňmi-de, meňkini bilýäňmi?” diýip, üstüme abanyp durlar. Menem “bilýän” diýip, hersinden
ýadyma düşen setirleri sanap berdim.”
“Nar men, sönmenem” diýen setirler kimiňkidi?”
“Seýdiniňki, Seýitnazar Seýdi, watançy şahyr!”
“Onda şu taýyk hemme bolan zady ýaz, gaýdyp beýle düýş görmejegiňe-de söz ber – diýip, kabinet
eýesi meniň öňümde bir tagta kagyz bilen ruçka goýdy. Men ilki ol oýun edýändir öýtdüm, emma
ýüzünde-gözünde oýun alamatyny görmän, derrew diýlenini etdim. Ol meniň düşündirişimi okap,
öňküsindenem çynlakaý keşbe girdi. – Gaýdyp “Ylham” seýilgähinde görünme. Birden daşary
ýurtly myhmanlar barka irkilip, ekzamen tabşyrsaň, bütin ýurdumyzy masgara edersiň,
düşündiňmi?”
Men “düşündim” diýen manyda baş atdym. Ol ýerinden agraslyk bilen turup, maňa kellesi bilen
“öňe düş” yşaratyny etdi. Men Milli howpsuzlyk ministrliginiň jaýyndan çykyp,esli ýere barýançam
yzyma gaňrylyp seretmäge milt etmedim. Iň ýamany, şondan soň “Ylham” seýilgähini hakyda
depderimden ymykly öçürmeli boldum.
Iň möhüm hadysyň teswiri (19.07.2014)
Goçnazar aga ýaşy segsenden geçip, aýaklary ýöremekden galandan soň, ogul-gyzlaryna,
agtyklaryna nesihat bermegi pişe edindi.
Ol nesihatlar esasan durmuşda özüň bolup ýaşamak, özüňe dürs bolmak, aldawa düşmezlik,
wagtlaýyn, geçegçi duýgulardan saklanmak baradady. Ol köplenç şol bir zatlary, göräýmäge örän
düşnükli, aýdylmanda-da bilinmeli ýönekeý zatlary gaýtalaýardy.
Gojanyň hemişe ogullaryna, agtyklaryna nesihat berip, beren nesihatyny hem depdere ýazdyryp
oturanyny gören Berdi molla oňa “Näme, pygamber bolaryn öýdýäňmi, yzymda hadys galsyn
diýýäňmi” diýip, käýinjek hem boldy.
Emma goja nesihatyny goýmady. “Soň nesihat berip oturan ataňyzy gündiz eliňiz çyraly
gözleseňizem tapmarsyňyz” diýdi. Käýinen molla gahar edip, nesihat depderiniň daşyna “Hadyslar
we teswir” diýen sözleri hem ýazmagy sorady.
Elbetde, ene-atanyň belli gadyry ýok, onda-da garran çaglarynda. Ogul-gyzlary gojanyň göwnüni
ýykman, onuň bar nesihatyny, öz sözleri bilen aýtsak, ‘düşündiriş-teswiri’ bilen ýazyp aldylar.
Emma ol bir hadysynyň – okamak, hakyky çuň bilim almak baradaky nesihatynyň düşündiriş-
teswirini soňky güne goýýandygyny, galan nesihatlaryň şol nesihata taýýarlykdygyny aýdyp, şol
nesihatyň sebäbine bütin çuňlugy we dolulygy bilen düşünmegiň milli namys meselesidigini öwranöwran ýatladýardy.
Ezraýyl garry adamyň janyny almazdan öň, adatça, biraz öňünden duýduryş berermişin: “o dünýä
ýolagçylyga taýyn bol, yzyňda galýanlar bilen hoşlaş, aýtjak zadyňy aýt, soň ‘gyssanmaç alyp
gaýtdyň’ diýip igenme” diýermişin.
Günleriň bir güni Goçnazar aga-da şeýle diuýduryş berlen ýaly boldy: ol uly ogly Haknazardan
ýanragynda bolmagyny haýyş etdi.
Gojanyň ukusy azdy, emma ol şol gije çaga ýaly ir ýatdy. Haknazar onuň assaja dem alyp ýatyşyny
synlap, gapdalynda ýazylan düşekde, “Hadyslar we teswiri” okap, ýatman oturjak boldy, emma
birazdan uklap galdy.
Daňdanlar, biri yralan ýaly, Haknazar tisginip oýandy. Görse, kakasy oýa ýatyr, ýüzi bolsa
öňkülerindenem nurana, has ýagtylan ýaly, özem bir zat aýtjak bolýana meňzeýär.
Ol çalasyn ýerinden turup, “Kaka, salawmaleýkim!” diýdi.
“Aleýkimessalam, oglum… Oýanjagyňy bilýärdim…” Goja soňky güýjüni jemleýän ýaly, her söze
basym berip, çalajadan gürrüňe başlady. “Depderi al-da ýaz… Okamak, hakyky bilim almak
baradaky hadysyň düşündiriş-teswiri… Pygamberimiz ylym talabynda bolmagy nesihat edipdir,
emma biz ol nesihaty tutmadyk, hemme zady döwrüň üstüne atdyk…”
Haknazar kakasynyň gözlerine ýaş inenini görüp, bozuljak boldy. Goçnazar aga ony görmän, başga
bir ýere, uzaklara seredip gürleýärdi:
“Agtyklar bilsinler, bu zamanda hakyky bilim almak iň uly halallykdyr! Eger hakyky bilim
almasalar, wagtlaryny bihuda geçirseler, düşünsinler, bu diňe dirilik ýa ölüm meselesi däldir, milli
namys meselesidir!.. Munuň sebäbini gysga, bir sözlemde düşündireýin… Ýönekeý raýat bolup
ötseň, bisowat, nadan bolsaňam aýby ýok… Emma nesibedir, biziň neberämizden hem il adamsy
çykmagy mümkin… Şonda, “Hormatly Prezidentimiz” ýaly, hem özlerini, hem halky dünýä
masgara etmejek bolsalar, hakyky bilim alsynlar, okasynlar, okan zatlaryna düşünsinler!.. Bir özüňi,
ene-ataňy masgara etseňem aýyp, emma beýik pursat gelende milletiňi, iliňi-ýurduňy masgara
etmek has uly aýyp… Agtyklar şuňa pugta düşünsinler!..” diýip, goja gözlerini ýumdy.
“Işdäki kemçilikler“ ýa-da çüýrük sistema (şahsy pikir) (18.08.2014)
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet konserniniň
başlygy Amanaly Gurbanowy, “işde goýebren düýpli kemçilikleri üçin“ diýip, işden boşatdy. Onuň
ýerine, adatda edilişi ýaly, edaranyň başlygynyň şol diýilýän düýpli kemçilikler goýberilen
wagtynda işlän ozalky orunbasary Arslan Sopyýew başlyklyga bellenildi.
Eger ýene birnäçe aýdan ýa birnäçe ýyldan Arslan Sopyýew hem “işde goýberen kemçilikleri üçin“
diýlip işden aýrylsa, muny hiç kim geň görmez. Sebäbi “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet
konserni 1996-njy ýylda döredileli bäri bu edarada 9 ýolbaşçy çalşyryldy. Geň ýeri, olaryň hemmesi
“işde düýpli kemçilik goýberdi“ we wezipe borçlaryny ýerine ýetirip bilmändi.
Elbetde, bu diňe “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet konsernine mahsus ýagdaý däl, ýurtdaky bir
edaranyň ýolbaşçysyndan başga ähli ýolbaşça degişli ýagdaý.
Resmi maglumatlardan tassyk bolmagyna görä, Türkmenistanda uly derejeli ýolbaşçylary işe
belleýän we işden aýyrýan, olaryň işde kemçilik goýberendgigini aýdýan we anyk näme kemçilik
goýberendigini gizleýän bir adam bar. Ol adam prezident we Ministrler kabinetiniň başlygy, şol bir
wagtda ol işe bellän adamlarynyň goýberen kemçilikleri we öz kadr syýasatyndaky ýalňyşlar barada
Mejlise, parlamente, halka hasabat bermeýär.
Eger döwlet eýeçiligindäki mediada aýdylaýn zatlara ynansaň, Türkmenistanda bir adamdan,
prezidentden başga hemmeler işinde düýpli kemçilik goýberýär, emma prezident hiç bir kemçilik
goýbermeýär, oňa gahrymanlyk bermeli, heýkel dikmeli, el çarpmaly…
Metbugatda aýdylýan zatlar Türkmenistanyň demokratiýa, hukuk döwleti däl-de, bir adam
tarapyndan dolandyrylýan, bir adamyň hudaýlaşdyrylýan, beýleki adamlaryň gul ýagdaýynda
saklanylaýn diktator döwletidigini, ol döwletde bir adamdan başga adamyň prezidente tabyn
bolmakdan başga ygtyýarynyň ýokdugyny tassyklaýar.
Bu ýagdaý soňky kadr çalşygy baradaky habarda hem tassyk bolýar. Mysal üçin, Berdimuhamedow
A.Gurbanowy işden boşatmak baradaky kararyň gapdalyndan “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet
konserniniň türk kampaniýasy “Polimeks“ bilen goşmaça kontrakt baglaşmagyny buýurdy. Bu
diýmek bu konserniň başlygynda hiç bir ygtyýaryň ýokdugyny, ýa-da onuň juda çäklije
ygtyýarynyň bardgygny görkezýär.
“Polimeks“ Türkmenistanda millardlarça dollara durýan gurluşyk işlerini alyp barýar we ol
gurluşyklarda döwlet, halk serişdeleriniň ummasyz uly möçberde bisarpa, eýeçiliksiz
sowrulýandygy, onuň bilen baglaşylýan şertnamalaryň türkmen halkyna juda gymmat düşýändigi
çak edilýär. Emma “Polimeks“ bilen şertnama baglaşmagyň baş inisiatory bolan
G.Berdimuhamedow, metbugat hakyndaky täze kanunda senzura ýol berilmeýändigine
garamdazdan, bu gurluşyklardaky baha çişirmeleri barada, umuman olaryň gerekdigi ýa däldigi
barada metbugatda açyk pikir alyşma guralmagyna ýol bermeýär.
Aýdaly, prezident Berdimuhamedowyň “Türkmennebitgazgurluşyk“ döwlet konsernine beren
tabşyrygy esasynda “Awazada“ gurulmaly sport toplumy häzir türkmen halkyna näderejede zerur
we ol haçan özüni ödejek? Galyberse, bu toplum ýurda öz bahasyndan näçe esse gymmat düşjek?
Eger ol pullary hakyky iş ýerlerini döretmäge, ýa-da jaýsyzlara arzan, amatly jaý salmaga, ýollary
düzetmäge, suw, gaz turbalaryny, elektrik liniýalaryny çekmäge sarp etseler, adamlar üçin nähili
peýda boljak? Arman, gorky astynda ýaşaýan adamlar bu soraglary içinden berse-de, daşyndan
berip bilmeýär.
Emma paradoks başga zatda: Türkmen döwlet habarlar gullugy işde goýberen kemçilikleri üçin
işden aýrylýan, käýinç ýa-da berk käýinç alýan resmiler barada yzygiderli habar berýär, şol bir
wagtda-da şol kemçilik goýberýän resmileri işe bellän, ýagny kadr syýasatynda yzygiderli düýpli
ýalňyşlyga ýol berýän prezidenti öwmegini dowam etdirýär. Emma bazar ykdysadyýetinde, iň
bolmanda öý hyzmatçysy, çaga enekesi işe alynjak bolsa-da, ol işgäri tapan, onuň bilen gürleşen we
oňa kepil geçen adam ýa resmi jogapkär bolýar. Eger bir adam ýa resmi iş başarmajak adamy işe
alsa, ýa ony işe almagy maslahat berse, ýöne onuň işe hödürlän adamy iş başarmasa, soň şol
adamyň işe hödürlän adamy işe alynmaýar, ýagny oňa ynanylmaýar.
Meniň pikirimçe, türkmen halky 1990-njy ýyllardan soň uly we orta derejedäki ýolbaşçylary seçip
almak, işe bellemek, terbiýelemek işini diňe bir adama, prezidente ynanyp, uly ýalňyşlyk goýberdi
we şol ýalňyşlyk häzirem dowam edýär. Eger biz şu ýalňyşlygy boýun alyp, ýurtda prezident
dolandyryşyny ýatyrmak, parlament dolandyryşyna geçmek we söz, metbugat azatlygyna, kanunyň
işlemegine ýol açmak barada hereket etmesek, bu käýinçleriň, zeýrençleriň, “işde düýpli kemçilik’
goýbermeleriň we diktaturanyň, halk köpçüliginiň talanmagynyň we horlanmagynyň soňy gelmez.
Şonuň üçin biz halk bolup, köpçülik bolup, özümiziň garyp, çagalarymyzyň sowatsyz we nadan
galmazlygy üçin bir hakykaty aýtmaly: Türkmenistandaky kemçilikler ozaly bilen awtoritar
ýolbaşçydan, diýdimzor sistemadan başlanýar. Diýmek, Türkmenistanda prezidentiň resmilere
käýinç bermegi, olary işden aýyrmagy we täzesini bellemegi bilen, şu wagta çenli bolşy ýaly, hiç
zat üýtgemez, üýtgeşiklik, reforma sistemany çalyşmakdan geler.
“Arkadagyň” çäre çukury (16.10.2014)
Dynç günüdi. Gapy kakyldy. Aýalym gapyny açdy. Goňşy gelniň naýynjar sesi eşidildi: “Enegül
eje, men repetisiýa gitmeli, barmasam işden kowarlar, adamymam işde, ýene senden haýyş
etmesem bolmady. Garaşsyzlyk baýramy geçýänçä gün berjek däller bize…”
Aýalym onuň iki çagasynam alyp galdy. Men beýleki otagdan çykyp, biri 2, beýleki 3 ýaşyndaky iki
çaga lak atan boldum: “Heý, çäregulylar, ýene geldiňizmi?”
Aýalym öz ýanyndan eşidiler-eşidilmez hüňürdedi: “Ulam çäreguly boldy, kiçem, bu nämäň görgüsi
boldugyka, allam? Bu millet ýertitreme gördi, gerre gyrgynçylygyny gördi, indem “çäre” diýip
gyrjaklar muny! Gyz-gelinler dat edýär, birinde ak geýmeli, beýlekisinde ýaşyl, aýlyklary çäre
köýnegine, donuna-beýlekisine gidýär. Ne işleýäne gün bar, ne okaýana. Beýle-de halka kast etmek
boljak eken…”
Men ýene yza, öz otagyma çekildim we soňky ýyllarda esasy gaçybatalgama öwrülen düşege
gyşardym. Her näçe pikir etmejek bolsamam, aýalymyň ‘halka kast etmek’ diýen sözleri beýnimiň
bir ýerine ýapyşyp, gurçuk ýaly, hiç aýrylmady.
Dogrudanam, beýle-de halka kast etmek boljak eken! Hökümetde işleýäne-de, hususyýetçilikde
gymyldajak bolýana-da çäreden, hökümet kemsitmesinden dynuw ýok. Kimi gürletseň, çäreden
zeýrenýär. Arada bir obadaşym “Şeýle garaşsyzlykdan ömür orsuň koloniýasy bolup galan
bolsagam gowy bolardy” diýdi. O görgüli obadan şähere, bir günlük repetisiýa çagyrylypdyr. Emma
gelenden soň üç gün repetisiýa etmeli diýipdirler. “Men owarram, sizde ýataryn, emma
ýanymdakylar kireýine jaý tutmaly boldular” diýýär. Soň ol bir günlük diýip gelen kärdeşleriniň
getiren pullarynyň gutarandygyny, iýere zatlarynyň ýokdugyny aýdyp, bizden karz pul sorady…
Men pikir etmejek bolup, telewizory açdym. Türkmen telewideniýesi “bedew bady bilen öňe barýan
ýurdy, Arkadagy” öwýärdi, orsa geçirdim, ukrain krizisi, terrorçylar howpy, ebola howpy…
Telewizory öçürip, daşaryk gezmäge çykdym.
“Öýe sygamok” diýip, daş işikde gezim edip ýören duldegşir goňşym zeýrendi. “Oglum sürüji,
daňdan gidip, agşam 12-lere gelýär. Ne dynç alyş güni bar, ne-de otpuskasy. Diňe başlygy
prezidentiň gidýän welaýatyna gitmeli bolsa, birki gün dynç alyp bilýär. Gelnim görgüli bolsa
‘çäreden aňkam aşdy’ diýýär. Ilki repetisiýa gatnamaly, soň uzakly gün çärede el galgatmaly. Beýlede özüni ýigrendiren hökümet boljak eken… Uruş-beýleki bolsa, gorajak ýok şuny. Edeýin diýip
edip bolmajak akmaklyk-how şü, neuželi düşünmeýäkä?”
Gürrüňi ulaltmajak bolup: “Düşünýän däldir-dä, düşünse etmezdi” diýdim.
“Hökümetiň başga etmeli işi kän-ä, how! Adamlara iş ýerlerini döretmeli, ykdysadyýeti ösdürmeli,
ýaşlary okatmaly, hünärli adamlary köp ýetişdirmeli…”
“Telewizory açsaň, ‘Bilim özgetmesini geçirýäs, ykdysadyýet bedew bady bilen ösýär’ diýýärler-ä!”
Men ýene gürrüňi ulaltmajak boldum.
“Bilim özgertmesi bormy, adyny ýazyp bilmeýänler uniwersitete girýär. Soňundanam çärä sürýärler.
Bu-da owarram diýseň, hemme ýerde iş bilýäni kowup, para bereni alýarlar, ykdysadyýet ösermi?”
Goňşym bu sözleri aýdanda gahardan titräp gitdi.
Men Aşgabadyň merkezinde bir ýerde hökümete garşy gurnalan demonstrasiýany, tribuna çykyp, öz
pikirini gaty ses bilen aýdyp duran goňşymy göz öňüne getirdim.
“Enegül ‘ýertitreme gördük, gerre gyrgynçylygyny gördük, indem çäre bilen gyrjaklar’ diýýär.
Şeýle pikir edýän başga-da känmikä?”
“Kän, gurbanlykda gumly çopandan goýun aldym. Şolam ‘Gurbanguly boş gykylyk bilen
problemalardan ünsi sowjak bolýar, emma problemalar ony ýuwutman goýmaz, ýany bilen bizem
ýuwdar’ diýdi.
“Onda näme biz hiç zat etjek bolamzok? Näme üçin biz çagalarymyz bilen Arkadagyň çäre
çukurynda gark bolmaly?”
“Sebäbi biz özümiz bir zat etmekden gorkýarys, başga biriniň bir zatlar ederine garaşýarys…”
Iki goňşy, ýüzümize urlan ýaly, birsellem hiç zat geplemedik, soňam sessiz hoşlaşyp, öýli-öýümize
gitdik.
“Ýaşulular” – ýüzümiziň garasy, ýöntem ýaşlar – betbagtlygymyz!” (20.10.2014)
Ýene-de “Ýaşulular” maslahaty geçirilýär!
Türkmen telewideniýesine görä, türkmen döwleti “ýaşulular, il-günüň sylagly adamlary bilen
maslahatlaşyp, halk üçin peýdaly çözgütleri” kabul edýär.
Emma ol “sylagly adamlar” XXI asyrda prezident diýip “saýlanan” adamy orta asyrlardaky ýaly
“şa” atlandyrýarlar, oňa “şa gadamynyň” mübärek bolmagyny arzuw edýärler, döwlet puluna, halk
serişdesine gurlan gurluşyklary onuň halka beren “peşgeşi” atlandyrýarlar, ýurtdaky uly kemçilikler
barada bolsa dymýarlar…
Şol bir wagtda ýönekeý halk ol “ýaşululardan” öz durmuşlaryny ýeňletjek, aýdaly, ýurtda giň
ýaýran parahorlugy, häkimiýet korrupsiýasyny, işsizligi, garyp-pukaralygy, sowatsyzlygy azaltjak
hiç bir oňyn çözgüde garaşmaýar.
Sebäbi ol “ýaşulular”, S.Nyýazow döwründen gelýän tejribeden belli bolşy ýaly, halk haly barada
mesele gozgap bilmezler, tersine, dowam edýän eziji sistemany, diýdimzor prezidenti goldap, oňa
alkyş aýdarlar.
Olar muny bile-göre, pursatparazlykdan edýärler, çünki eziji režimiň özlerini maslahat soramaga
çagyrmaýandygyny, eýsem edilýän bikanun işlere perde edinmek üçin “sylaýanydyny”, pikirini
açyk aýtjak adamlaryň öý tussagy ýagdaýynda oturandygyny gowy bilýärler.
“Halal” we “haram” ýaşulular
Türkmen aga “Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar” diýipdir. Emma bizde ýaşulularyň kulty uly, olaryň
ýüzüne gelmek, ýaşuly adam hakynda gaty-gaýrym söz aýtmak uly edepsizlik saýylýar. Ýöne soňky
iki onýyllykda türkmen halkynyň başyna düşen döwlet süteminiň etden ötüp, süňke ornamagynda
türkmen ýaşulularynyň oýnan roly uly boldy.
Netijede, bu ýagdaý halk içinde ýaşuly adamlara bolan garaýşyň hem belli bir derejede
üýtgemegine getirdi. Indi bizde ýaşululary “halal ýaşuly” we “haram ýaşuly” diýen ýaly iki topara
bölýärler. Bu agzy dogaly mollalara, iliň toýuna-ýasyna ýaraýan din wekillerine hem degişli.
Mysal üçin, hökümetiň ozalky Halk maslahatyna, häzirki Ýaşulular maslahatyna çagyrylmaýan,
Arkadagyň çärelerinden daş durýan ýa-da daş saklanýan, şol bir wagtda dogry sözli, dürs ýaşaýan
ýaşululara il içinde hakyky hormat goýulýar. Emma bu adamlaryň hökümet propagandasynyň
aýrylmaz bölegine öwrülen ýaşululary sylamaýandygyny aňlatmaýar. Adamlar edep saklaýarlar, ol
hili ýaşulularyň hem ýüzlerine bir zat diýip durmaýarlar.
Bu, birinjiden, öňden gelýän türkmençilik edebi bilen bagly bolsa, ikinjiden, adamlar öz ýaşaýan
ýurtlarynda hakykatda nähili güzeran aýlamalydygyna gowy düşünýärler. Eger muňa düşünmeseň,
çaý-çörek güzerany hem ýetdirmeýär. Biraz gaty gitseň bolsa, işden kowulmak, maşgala agzalaryň
bilen ýanalmak, türme, ýurtdan aýrylmak, telewideniýede näletlenmek… bar.
Ýüzügaralyk
Arada obadan gelen garyndaşym “arassaja mollamyz bardy, emma pahyr tarpa-taýyn ýogalaýdy,
şondan bäri gaty kösenýäs” diýdi.
Men oňa ilki düşünmedim: “Garaşsyzlyk ýyllarynda molla gytçylygynyň soňuna çykylmadymy
näme?”
“Wah, molla kän-le, emma olaryň dermanyna pul çydadyp bolanok. Ilçilikde bolsa, diňe gurply
adamlaryň hossary däl, garyplaňkam ölýär. Göwnüme bolmasa, soňky ýyllarda ölüm has köpelen
ýaly özem…”
“Goňşy obalarda arassarak molla ýokmy? Ozallar gowy mollalary başga ýerlerden hem göçürip
getiripdirler…”
“Horazyň sesi hemme ýerde bir çykýar. Töwerekdäki obalarda hem ýagdaý şeýle. Ikinjiden,
wahhabi diýibem bir bela bar, olar ata-baba edilýän zatlara garşy…”
Hökümet we intelligentsiýa
Türkmenistanda sagadyňy hökümetiň sagadyna deňlemeseň, ýaşamak kyn. Muny hemmeler,
aýratynam intelligentsiýa wekilleri gowy bilýär. Olaryň uly bölegi hökümet propagandasynyň
aýrylmaz bölegine, ýokardan çekilýän ýüpe görä tans edýän gurjaklara öwrüldi. Sebäbi olar şonsuz
öz eklençlerini, rahat durmuşlaryny göz öňüne getirip bilmeýärler.
Emma az-da bolsa, hakyky intelligent adamlar hem bar. Bu hili adamlar metbugat ýalançylygyny
çekip-çydap bilmän, başga zady başarmasalar hem, ynanýanlarynyň ýanynda käýinmän durup
bilmeýärler.
Golaýrak goňşym, goja professor hem şol käýinýän adamlaryň biri. Ol şu gün irden duşanda,
“Ýaşulular” maslahatyna kakdyryp, “Türkmenabatda ýüzügaralaryň maslahatam-a başlandyr”
diýidi.
Men oňa göwünlik berjek bolup: “Aý, ynha basym bilimli, döwrebap ýaşlar ýetişer, ýüzügaralaň
möwriti geçip barýar” diýdim.
“Ýok, beýle arkaýyn bolma!” – diýip, goja professor barmagyny çommaltdy. “Türkmenbaşa
göwnümiz ýetenokdy, emma ol yzynda “Arkadagyny” miras galdyrdy. Bu messepsiz ýaşulularyň
yzyndan gelýän ýöntem ýaşlar iliň betbagtlygy bolar…”
Türk we türkmen prezidentleriniň “adalaty” (25.11.2014)
Türkiýe respublikasynyň prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Aşgabada prezident hökmünde eden
ilkinji saparynda Türkmenistanyň adalatsyz hasaplanýan sud sistemasy tarapyndan türme
tussaglygyna höküm edilen türk öwretmeni Hajy Hamit Hamdi Poladyň azatlyga çykarylmagy
sosial ulgamlara girip bilýän türkmenistanlylaryň arasynda dürli pikirleri döretdi.
Hatda olaryň arasynda Ärdogany ‘mužik’ prezident hasaplap, Berdimuhamedowyň hem şeýle
‘mužik’, ýagny erkek ýa adalatly bolmagyny arzuw edenler hem boldy.
Elbetde, bu ‘adalatlylyk’ türk prezidentiniň talaby, türkmen prezidentiniň şol talaby ýerine ýetirmegi
bilen amala aşyryldy. Diýmek, prezident Ärdogan bilen prezident Berdimuhamedow türk
öwretmenini bilelikde azatlyga çykaryp, bilelikde adalaty amala aşyrdy.
Bu, azat edilen öwretmeniň maşgalasynyň we ýakynlarynyň gözi bilen seretseňem, ýönekeý
adamkärçilik nazarýetinden garasaňam gowy, gutlanmaly iş. Sebäbi Hajy Hamit Hamdi Polat,
tejribeden we faktlardan belli bolşuna görä, dünýäde iň bir adalatsyz, korrupsiýa çümen sud
sistemalarynyň biri tarapyndan tussaglyga höküm edildi. Ol sud edilende aklawçynyň we şaýatlaryň
garşylykly delilleri nazara alynmady. Çünki Türkmenistanda sudlar garaşsyz däl we diňe
prokurorlaryň soran ýylyny bermek bilen meşgullanýarlar.
Netijede, türkmen sudýalary indi iki onýyllyga golaý wagt bäri aklaw hökümlerini çykarmazlyk
ugrunda göreşýärler. Prokurorlar bolsa türmä näçe köp adam basyp bilseler, aýyplanýanlara näçe
köp ýyl berseler, şonça şat we gurply bolýarlar. Ýurduň prezidenti bolsa, esasan öz adalatsyz
ýolbaşçylygy netijesinde “jenaýat” eden raýatlaryň “meýletin-mejbury tobasyna” hoş bolup, her
baýramçylykda günä geçip, “adyl şa” oýnuny oýnaýar.
Emma ýurtda “adyl şanyň” günä geçişine düşmek üçin nämeleriň edilýändigi ozaly günäsi
geçilenlere we olaryň bergi-borja batýan maşgalalaryna, soň adalat, kanun sistemasynda bikanun
baýaýan resmilere, umuman alnanda bolsa, aňly-düşünjeli adamlaryň hemmesine belli zat.
Gepiň keltesi, Türkmenistanda türmeden çykmak üçin, halk içinde aýdylyşy ýaly, “ýa zer, ýa zor”
gerek. Ärdogan türk öwretmenini zor bilen türmeden çykardy, Ärdoganyňky ýaly zory ýoklar bolsa
bu hili “adalatlylygy” zer bilen gazanmaly.
Türk öwretmeniniň azatlyga çykmagy, aslynda kimem bolsa, türkmen adalat sistemasy tarapyndan,
özüni kanun esasynda gorap bilmän türmä basylan adamlaryň, adam zorlan, adam öldüren, uly
mukdarda ogurlyk eden bolmasa, ählisiniň azatlyga çykmagy gowy zat, emma adalat däl. Eger
adalat boljak bolsa, adalatlylyk kadalary ýerine ýetiriljek bolsa, olar näme üçin adalatsyz türmä
basylypdyr, bu ýerde kim günäkär, ýagny kanun kimler tarapyndan we nähili ýagdaýlarda
bozulypdyr, bu zatlaryň hemmesi derňelmeli we derňewiň netijesi jemgyýetçilige aýan edilmeli.
Emma bu hili adalat ne prezident Berdimuhamedowa, ne-de prezident Ärdogana gerek. Aslynda bu
iki prezident, islendik hukuk döwletinde bolmaly bolşy ýaly, öz ýurtlarynda kanunçylygyň berjaý
edilmeginiň, hiç kimiň kanundan ýokarda bolmazlygynyň, hemmeleriň kanun öňünde deň
bolmagynyň kepilimi?
Eger olaryň prezident bolanlarynda kabul eden kasamlaryna ynansaň, bu şeýle. Emma iş ýüzünde,
praktikada muňa şeýle diýip bolarmy?
Dogry, türkmen we türk prezidentleri öz ýakyn töwereklerindäki adamlar, “işewür” ýa “biznesmen”
diýilýänler üçin adalatly görnüp biler, sebäbi ol adamlar Türkmenistanda diňe türk gurluşyk
firmalary tarapyndan “özleşdirilýän” milliardlap dollardan paý alýarlar. Eger aýdylýan sanlardan,
ýagny Türkmenistanda 600-e golaý türk firmasyna iş berilmeginden, olaryň 42 milliard dollarlyk
kontrakt almagyndan çen tutsaň, bu ýerde türk hökümetiniň, türk halkynyň utuşy we gazanjy
türkmen hökümetiniňkiden we halkynyňkydan has uly.
Resmi sanlardan, faktlardan belli bolşy ýaly, türk iş adamlary, türk işçileri Türkmenistanda,
korrupsiýa çümen hasaplanýan türkmen resmileri bilen ‘düşünişip’, gowy pul ýasaýarlar, emma
prezident Ärdoganyň türkmenleriň hem Türkiýedäki proýektlerde maýa ýatyrmagy, ol ýerde
hammalçylykdan, gara işden başga iş etmegi entek diňe arzuw. Onsoň bu iki ýurduň
prezidentleriniň ýa hökümetleriniň arasyndaky iş gatnaşyklaryna, hyzmatdaşlyga deň bähbitli, özara
peýdaly gatnaşyk hökmünde baha berip bolmajagy köre-de aýan bolsa gerek.
Ikinjiden, türk firmalarynyň türkmenistanda gurýan binalarynyň hil taýdan ýaramazdygy, baha
taýdan aşa gymmatdygy hakynda hem indi köp ýyl bäri delilli pikirler aýdylýar.
Üçünjiden, türkmen tarapynyň türk firmalaryna gurdurýan gurluşyklary köplenç şu günüň ykdysady
zerurlygy bilen bagly däl-de, esasan türkmen resmileriniň halk puluny çaltrak we uludan sowurmak
maksady bilen bagly. Onsoň bu ýerde ahlak ýa adalat hakynda, ‘beýik türk halkynyň doganlyk
türkmen halkyna edýän ýardamy’ barasynda gürrüň etmek kyn.
Aslynda, prezident Ärdogandan ýa prezident Berdimuhamedowdan adalatly häkimlige garaşmak
akyllylyk bolmasa gerek.
Türkiýede ýaşaýan we işleýän ýüz müňlerçe türkmenistanly ozalky premýer-ministr, häzirki
prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň hökümetiniň töweregindäki korrupsiýa gürrüňlerinden habarly,
bu barada metbugatda, internetde hem maglumatlar az däl. Ärdogan ozal ABŞ-da ýaşaýan türk
milletçisi we dinçisi Fethulla Gülen bilen ýaranlykda dünýewilere garşy göreşip, ýurtdaky potensial
garşydaşlarynyň ýüzlerçesini toslama aýyplamalar bilen gözenegiň aňyrsyna taşlady, soň öz aýby
açylyp başlanda bolsa, Güleni ‘döwletiň içinde döwlet döretmekde’ aýyplady. Ol häkimiýeti bir öz
elinde jemlemekde we halkyň milli duýgularyny oýnamakda Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
bilen deňeşdirilse-de bolman durmaz. Eger Putine daşyndan ‘rus tsary’ diýilýän bolsa, Ärdogana
bireýýämden bäri ‘täze türk soltany’ hökmünde garaýanlar bar.
Ärdogan bilen Berdimuhamedow öz halklary üçin iş ýerlerini döretmekde meňzeş däl, emma
aýratyn alnan adamlar üçin mümkinçilik döretmekde çalymdaş, ýöne Ärdoganyň has kän adama,
şol sanda işçilere-de iş ýerlerini döretmekde netijeli işleýändigini aýtmak bolar. Şol bir wagtda,
Ärdogan bilen Berdimuhamedow hökümet üçin kaşaň, gymmat bina gurmakda meňzeş, emma bu
meselede türkmen prezidenti öz türk kärdeşini tozana garýar.
Ýöne türkmen prezidenti hökümet ‘duşmanlary’ diýilýänleri basyp saklamakda, ’25-nji sanjar’ işi
esasynda uzak möhletli azatlykdan mahrum edilen onlarça adamy türmeden çykarmazlykda, hatda
‘olar ölümi ýa diri?’ diýen soraga jogap bermezlikde dümýäde taýsyz hasaplansa, prezident
Ärdogan öz harby garşydaşlaryny hem, gyssaga düşse, türmeden çykarýar…
Türkmen prezidenti metbugaty, sosial ulgamlary kontrollukda saklap, petikläp, milletini çäre
halkyna öwürmekde ussat bolsa, türk lideri özünden ozal biraz demokratiýa gören türkleri sosial
ulgamlardan kesmekde beýle üstünlik gazanyp bilmedi.
Emma türk we türkmen prezidentleri, adalatsyzlykda, korrupsiýa oýunlarynda ‘garyndaş’ hem
bolsalar, geçen syýasy ýollary taýdan düýpden başga-başga ‘jandarlardyr’. Ärdogan hakykatdan
hem halk tarapyndan, halk sesini alyp, syýasy sahna gelmegi başardy we türkçilik duýgularyny,
musulmançylyk duýgularyny oýnamakda netijesiz hasaplanyp bilinmez.
Mysal üçin, türk telewideniýesi onuň Aşgabada sapary mahalynda ýerde ýatam kiçijik türk we
türkmen baýdaklaryny ýerden göterişini görkezdi. Şeýle-de ol musulman äleminde palestinalylaryň
hak-hukuklarynyň esasy goragçysy bolup görünmäge dalaş edýär, dünýä derejesindäki liderleriň
forumlarynda öz pozisiýasyny aýtmakdan çekinmeýär.
Emma Berdimuhamedow beýle forumlarda batyrgaý ýa başgaça pikir aýtmakdan geçen, eline
ýazylyp berlen teksti ýalňyşman okap bilse kaýyl. Sebäbi ol syýasata mitinglerde halkyň duýgusyny
oýnaýan sözler bilen çykyş edip däl-de, häzir türmede oturan ‘dosty’ Ýolly Gurbanmyradowyň
kömegi bilen geldi. Has anygy, Berdimuhamedow ilki Ýolly Gurbanmyradowyň dişini bejerip, soň
dostlaşan müşderisiniň arkasyndan hökümdar Nyýazowa golaýlap, tanyşlyk esasynda saglyk
ministri boldy.
Eger-de Rejep Taýyp Ärdogany ozal premýer-ministrlige, soň prezidentlige türk halkynyň milli
duýgulary oýnalan köplügi saýlan bolsa, Berdimuhamedowy iki gezek hem köşkdäki azlyk
‘saýlady’. Sebäbi ol azlyk ýurtda söz, pikir azatlygyny, syýasy-ykdysady azatlygy ýok edip,
oppozisiýanyň döremek we işlemek mümkinçiliklerini onlarça ýyl yza süýşürmegi başarydy we
halk köpçüligini mejbury çäreçilere öwürmekde ‘uly üstünlik’ gazandy.
Emma muňa garamazdan, halk içinde, hatda sosial ulgamlara girip, teswir ýazýan türkmenleriň
içinde-de Ärdogany ‘mužik’ prezident hasaplap, Berdimuhamedowyň hem şeýle ‘mužik’, ýagny
erkek ýa adalatly bolmagyny arzuw edýänler bar.
Wäşi Köşüli
“Gurbangula guwanýan” (24.02.2013)
Men bu sözi kiçi dilden bärde, ýa-da käbir ýazyjy-şahyrlar ýaly,
ýaranjaňlykdan, wezipe, baýrak almak üçin aýdamok, çyn ýürekden
aýdýan.
Aýtmaz ýalymy eýsem? Ol öňki prezidentiň, özüne “Beýik”, “Baky” diýdirip bizar eden diktatoryň
ýykgynçylykly syýasatyny ýok edip, ýazylganlyk, azatlyk getirdi. Ozal obadan-oba gitjek bolsaň,
wiza almaly ýalydy. Otyrdyk öýden çykyp bilmän, titräp, bir zat diýmesinler, tutup türmä
taşlamasynlar diýip. Nijeme gül ýüz ýigitler türmede çüýredi öňkiden ýaňa. Indi erkin gezip ýörüs,
Garrygala gitseňem, wiza soraýan ýok, Guşga barsaňam. Heý, muň ýaly erkinlik düýşümize
girýämidi şo “Baky beýigiň” zamanynda?
O gün şäheriň eteginde oturýan daşgyn garyndaşym myhmançylyga geldi. “Gurbangula guwanýan,
at münşem bir prezidente degýä” diýsem, ýaramady. Ýüzüni-gözüni çytyp, “Şu at agzama, at
münýän agzama meň ýanymda” diýýä. Asyl, görüp otursam, täze gurlan ippodrom sebäpli
obalaryny göçürýän ekenler.
Bir wagt barypdym ol oba, baýyrlaryň arasynda, on bäş-ýigrimi sany hütdük jaýdan durýan kiçijik
obady-laý, göçürseler göçüripdirler-dä. Üstesine, şol hütdük jaýlarynyň ýerine elitniden jaýam
berýämişler. Öňki diktator wagty beýle elpe-şelpelik barmydy? Jaý baryny ýykdyrypdy, gyzyl däli
bolup.
Çülide, Pöwrizede ýaşaýan garyndaşlarym nä günler gördi jaýlary ýykylanda. “Bar, gözüňi gyzgan
bilen süpür diýýädiler” o wagt arz edene. Şonda-da hiç kim zeýrenip bilenokdy. Indi bu prezident
adamkärçilik edýä, “jaýy ýykylýana jaý beriň öňürti” diýýä welin, bular nägile bolan bolýa.
Nämemiş, sergin howaly obasyndan aýrylasy gelenokmyş. “Göwnüň ýene näme isleýä, Eýranyň
şasy bolmak isläňokmy” diý-dä, walla…
Okuwly, bilimli adamlar akyllyrak bolaýjak ýaly. Ýok, hemmesi beýle däl. Olaryň käbiri has görip,
içigara bolýa gaýta. Goňşym mekdepde çaga okadýa, aýalam mollumsumak. Ikisi bile okapmyş
mollumçylygy. Jaýyň ýeňsesinde “Türkmenistan” gazetini okap otyryn welin, gülen bolup: “Goňşy,
Gurbanguly näme edermenlik edipdir bu gün, näme ýazýalar gazetde?” diýýä. Ýanynda-da aýaly,
olam dişini syrtardan bolýa. Ýogsa, Gurbangula ilki guwanmaly şolar, prezident bolup, ilki bilim
reformasyna başlady, mollumlaň aýlygyny köpeltdi. Özleri begenip ýördi, ‘kampýuter berýäler
çagalara’ diýip. Emma iki gün geçmän, ýaňsylan bolup başlaýarlar. Biziň milleytimiz ugursyz
öýdýän, diýmäýin diýsem.
Şuny ýüzüne aýtdym bir gün goňşymyň. Emma ylalaşmady. “Näme jübüsinden çykaryp berdimi ol
meň aýlygymy, işläp alýan, Afrikada-da berýärler çagalara kampýuteri” diýýä. ‘Şu sözleriňi öňki
prezident döwründe tapmaly ekeniň-dä’ diýjegem boldum, emma söz zaýalap oturman, turup
gaýtdym.
Adamlar pensiýasy kesilende-de gepläp bilenokdy, indi işlemediklerem pensiýa alýa. Gurbanguly
jomart bolmasa, bolarmydy şol?
Arada prezidentiň bir ýegeni eýlemiş, beýlemiş diýen gürrüňler ýaýrady. Aý, biriniň restoranyna
baryp, bäş-üç müň dollar berip, “bu restoran indi meňki, sen git-de başgasyny gurun” diýýämiş; ýa
biriniň ýanynda owadan aýal maşgala görse, “şunuňy maňa goýup git, göwnüm gitdi” diýip, zor
bilen alyp galjak bolup durmuş; şoňňalyda biri depesine berip, on ýyl türmä basylypdyr” diýip, her
hili gep etdiler.
Men-ä, dogrusy, agzy boş adamlaň gepine gulak gabardyp hem ýöremok. Ýöne samana ot düşen
ýaly, nirä barsaň hyşy-wyşy. Baryp ýetendir-dä ahyry özüne-de, şo ýegenini obadan çykmaz ýaly
edäýipdir. Indi ýok, ýatdy bu gürrüňler. Ine, onsoň nädip guwanmajak Gurbangula?
Men ýazyjy-şahyr däl, ýogsam şuň neşekeşligiň garşysyna Görogly ýaly bolup, ýeke ösüniň gylyç
syryp çykyşyna ullakan poema ýa trilogiýa bagyşlardym. Emma talantly şahyr-ýazyjam ýok bolara
çemeli, hiç zat döredip bilmediler. “Ak gül” diýdi, beýleki diýdi, bolgusyz zat ýazýanlary. Ýöne
hudaý ýazyjylyk talantynam munuň özüne beripdir. Tüweleme, ýazýan kitaplary syýasy guramanka
daşary ýurt dillerine terjime edilip, dünýä okyjylaryna ýetip dur. Ilki gönenen hem türkmeniň otçöpi, atlary we halylary boldy, dünýä tanatdy goýaýdy kitap ýazyp. Şundan öň, heý, şeýle ussat
ýazyjy boldumy türkmende?
Öňki pahyram kitap ýazan bordy, terjime-de etdirdi bir ýollar bilen, emma dünýä okyjylary alyp
götermedi onuň kitaplaryny. Sebäbi özi ýazanok, diktator bolansoň, ýazdyrýa diýdiler, ogurlaýa
diýdiler. Jany bolmaly bu zatlaryň. Ölen adama pylan-pismidan diýip, günä galyp oturmalyň ýöne,
ýatan ýeri ýagty bolsun bendäniň…
Gurbangula-da ‘kitaplaryny özi ýazýan däldir’ diýjek bolýanlar bar. Emma men beýledir öýdemok.
Ol dissiplinli adam, sport, at münmek, ok atmak, başarmaýan zady ýok. Öňki bende ‘bir çilimden
beýlekini otlardy, arak-konýakdan gaýtmazdy, ýagly-ýüzliden dykar oturardy’ diýýä tanaýanlar.
Ýetmişe-de ýetmedi, köşki-eýwanlary goýup gitdi yzynda. Akyl ýoklugy-da, ýa hudaýa-da gowusy
gerek.
Arada şäheriň o çetinde oturýan ýegenler toý etdi. Barsam, Londonda okaýan ogullaram gelipdir.
Çaý başynda Türkmenistanyň daşary ýurtdaky abraýy barada soraýmanmy? “Aý, daýy,
Türkmenistany bilýän ýok, eşidenem gülýä” diýýä. “Näme gülkünç zat barmyş Türkmenistanda?”
diýsem, ‘prezident-kloun’ diýýä.
Men-ä, dogrusy, ýegenimem bolsa, şojagazyň bolan bolşuny halamadym. Ýogsam bolmasa,
Gurbanguly prezident bolandan soň Londona okamaga gitdi, ozal beýle zat düýşlerine girjekmidi?
Onsoňam, men “London” diýip, her gezek basym berip, ýöriteläp dogry aýdýanam welin, “Landan”
diýip, her gezek okaýan şäheriniň adyny ýalňyş aýdýa, bolýamyş-da.
Ilçilik, bazara-beýlekä barsaň, garaşmaýan zatlaryň hem bolaýýa. Geçen hepde mal bazaryna
bardym welin, bir gumly syýasatdan parlan bolup otyr. Ne Obamasyny goýdy, ne-de Deýwid
Kamerony. Olara näme diýse diýsin, owarram diýsem, Gurbangula-da diýmedik zady galmady-ow.
Nämemiş, ýurtda kanun ýokmuş, bir adamyň daşynda aýlanýamyş durmuş.
“Beýle däldir, ak bazaryň ortasynda ýalan sözleme” diýdim. Gaty gyzma adam eken. ‘Meniň atababamda ýalan sözlän ýok, sen maňa näme diýýäň?’ diýip, ýakamdan ebşitläp tutdy. Elleri dagy,
demir ýaly eken. Wagtynda ýetişip, elinden almadyk bolsalar, dem bermän, birsellemde gök daş
edip taşlaýjak.
Töweregindekiler belet eken, gidensoň: “Beýtmeli däldiň, ‘ýalançy’ diýip, iň halamaýan sözüni
aýtdyň-da” diýdiler. Dogrusy, ysgynymy aldy ol, esli wagt ýerimden galyp bilmän oturdym. Soň
görsem, balagymam biraz öllän ekenim…
Arkadaga “gorkak” diýdirmen (02.03.2013)
Eger meniň özüme diýseler, boýun alýan, gorkak kemim ýok. Çagakamam gorkakdym, 10-12
ýaşlarymda-da garaňkyda daş çykmaly bolsam, gyz doganymy ýanym bilen alyp çykýadym. Emma
Arkadaga “gorkak” diýdirmen.
“Şermendäň şaýady ýanda” diýleni. Myhmanyna-da tassykladýa, “Sen näme diýýeň, gorkak dämi
şo?” diýýä. Olam “Gorkak, biz obada oňa hemme şeý diýýe” diýen bolýa.
Özümdenem bar, elbetde. Hil bir goňşym bar ýaly, “Daşoguzdan dosty gelipdir, myhman bilen
salamlaşaýyn” diýip, baran bolýan. Ýeri, bardyň, taň etdiň, gaýdyber-dä geplemän. Ýok,
başarmadym. “Arkadagyň ediberşini gördüňmi, sekiz çaga dogran onlarça ene gül ýaly jaý alýa bir
ýyldan” diýip, asyl, ýanyp duran oduň üstüne benzin sepäýmenmi. Bäh, laňňa ýerinden galdy-aýt ot
alyp.
“Sen – diýýä, – şu populist kararyň edil şu wagt orta atylmagynyň sebäbi barada pikir etmediňmi”
diýýä. Bularyň pikiriçe, Arkadag şuňňaly zady diňe göz boýamak üçin edýämiş.
“Ýok – diýdim, – gowy iş edilse, men onuň aňyrsyndan çöp gözlämok, “Hiçden giç ýagşy” diýip
begenýän” diýdim. Bu-da üstüne urna boldy.
“Bu karar – diýýä, – Stambul aeroportunda tutulan altyn ýükli uçardan halkyň ünsüni sowmak üçin
kabul edildi – diýýä. – “Polimeks” “Türkmenhowaýollarynyň” uçarynda bir tonnadan gowrak
altyny Aşgabada bikanun getirjek bolupdyr – diýýä. –Bu ýerde näme oýunlaryň gopýanyny çen-çak
etmeýeňmi?’ diýip, gapdalyndaky myhmanynyň şiwesini garyp gürlän bolýa.
Menem kem oturmadym: “Ýok ,“Güman imandan aýrar” diýipdirler, men ýaman pikir etmeýen bu
karar barada, çül-çagaly garyp maşgalalar mugtja jaýly bolsa, ondan uly sogap barmy? Haýsy
ýurtda beýle zat bar?” diýip, öz üstüne süründim gaýta. “Menem eşitdim Stambulda saklanan altyn
barada, haýsy bir uçaryň ýüküne Arkadag jogap bersin?” diýdim. Dogru-da walla, goranmagyň
gowy usyly hüjüm etmek diýipdirler.
“Ýok, ol uçar biziňki, altyn Aşgabada getirilýän eken, bir tonna gowrak altyn. Arkadag bilmeýändir
öýdýäňmi şony öňünden?” diýip, olam hüjüm etdi onsoň.
“Erol beý aýdypdyr-a, how, günbatar ýurtlary tarapyndan embargo girizilen ýurtlara gurluşyk
materiallary üçin bankdan pul geçirip bolanok, şoň üçin ulanjakdyk bi gyzyly” diýip. Mundan beter
näme gerek?”
“Hakykat gerek! “Polimeks” bi ýurtdaky garma-gürmelikde milliardlap dollar ýasady, ýene
ýasamaly. Munuň üçin oňa Eýrän bilen däl, Arkadag bilen hasaplaşmak gerek. Emma ol Günbatar
sanksiýalaryndan sowlup, Eýran bilen hasaplaşmaga altyn getirýädim diýýä. Bi Günbataryň öňünde
öz ýüzüňe gara çekmek. Bi Erol beýiň aýtjak zady däl. Emma ol Arkadagdan ünsi sowmak, iýdiren
eli çapmazlyk üçin öz at-abraýy, şoň bilen bile Türkiýäniň abraýy bilen oýnaýar, düşündiňmi?”
Goňşym içýakgyç ýylgyryp, “nätdim?” diýýän ýaly, myhmanynyň ýüzüne gedemsi göz aýlady.
Men sowukganlylygy elden bermän: “Dildüwşik teoriýalaryna ynanamok. Bi gyzyla Arkadagyň
dahyly ýok” diýip, goňşymyň özüniňki ýaly, içýakgyç ýylgyrdym.
Mugallym bolup, çagalara sapak berip ýörşüne haýran, argumentime kontr argument tapman,
gaharyndan çişip, tas ýarylypdy. O ýanyndaky myhmanam goldan bolýa, dostumyş-da: “Şo çülçagaly garyplaň jaýsyz galmagyna sebäp bolýan şo “polimeksler” bilen gurulýan gymmat köşklerdä, agam, birazajyk pikir edeý-dä” diýen bolýa.
Edepsizligem bolsa, myhmana Arakadagyň welaýatlaryň halky üçin gurýan zatlaryny ýatlatman
bilmedim. Bu-da ýene goňşymyň çetine degdi: “Hawa, git-de ilki Babaraby, Arkadagyň obasyny
gör, soňam Daşogza git-de, şularyň obasyny gör, deňeşdir, haýsy gowy?” diýip, ilki gülen boldy.
Soňam: “Hawa-da, her kimiň köýnegi öz tenine ýakyn, ilki öz obaňy düzetmeli-dä. Hatda bag
ekmeli bolsa-da, öz obaň töweregine 1.5 million, ýurduň galan bölegine-de 1.5 million düýp nahal
oturtmaly, deňlik bolýamy onnoň şü? Ýurduň puly ýurda deň-derman siňdirilmeli dämi? Ýa ol diňe
bir obaň pulumy?” diýýä.
Şu ýerde gaýdybersemem bolýady, ýöne dil bir öl ýere biten zat, “Gorkak bolsa, alternatiw
kandidatly saýlaw geçirmezdi, öňki “saýlaw” sözüni agzatmazdy ahyryn. “Gorkak” diýip, şoňa
aýtmaly” diýdim.
Goňşym bu söze ot alyp galdy. Aý, papagyny gysymlap, edil Lenin däldirin öýtmedi özüne: “O
nähili alternatiw kandidatly saýlaw? Ynandyňammy şoňa? Ol şonda gorkaklygyň çür depesine
çykdy. Bütin dünýä görkezdi gorkaklygyny, dünýe-de gördi, sen görmediňmi?” diýip, gözüni
çakgyň çüýi ýaly edip, ýüzüme bir çiňerilýär-aý…
“Ýok, men beýle zat görmedim, tersine türkmen batyrlygyny, halk agzybirligini gördüm” diýip,
gaharyma menem ýerimden galdym.
“Otur-otur, gyzman gürleşeli, öýde, iki goňşy bolup gürleşmäni öwreneli. Gürlreşmäni bilmän şü
güne düşdi ozalam bi millet” diýen bolýa. Oturdym onsoň. Özi bilen deň bolsaň, çykyp gaýtmaly,
gaýdybam ýüzüni görmeli däl.
“Nämeden gorksun ol, saýlawda halkyň özünden başga söz bermejegini bilip dur-a?” diýip, ýene
gürrüňi özüm ugrukdyrdym.
“Hawa, ol şeýle, halk şondan başgany bilenok, syýasy tejribesi hem ýok, özem gorkuzylan, döwlet
başyndaky adamdan başga ses bermäge het etjek az, emma ol şonda-da gorkdy. Halkdan gorkdy,
demokratiýadan gorkdy, adalatdan gorkdy. Şondan demokratiýa ýol berenok, şondan halka ýol
berenok, şondan metbugat azatlygy ýok, düşündiňmi indi?” diýýä.
“Ýok, düşünmedim – diýdim. – Gorksa, ‘daşary ýurtdaky özüni oppozisiýa hasaplaýanlar
gelibersinler’ diýmezdi” diýdim.
“Onam gorkup diýdi, Abadanda bolan partlamalardan gyssanjyna, belki-de halkyň ünsüni sowmak
üçin, özüni oppozisiýa hasaplaýanlar gelsin diýen boldy, emma sözüniň yzynda durmady. Daşary
ýurtdakylary goýberjekmi bi ýurda? Gorkak-züwwetdin-ä, how” diýip, gülen bolýa. Ýanyndaky
myhman bolsa: “Daşary ýurtdakylaram şuňňaly bor-da prezident bolsa, ozal wezipeden agzy tagam
tapan adamlar olaram” diýýä.
Turup gaýtsam, ýeňlen ýaly boljak. “Ýurdy parahat saklap otyr, uruş-gykylyk ýok, şuň gadyryny
bileliň-le, indiki geljek mundan beter bolsa bildikmi?” diýip, köpmanyly gürledim.
“Hawa, Hitrowkada iki sany oglanyň garşysyna ýüzläp soldat, tank sürüldi, iki günläp atyşyk boldy,
Abadanda adamlar sowet döwrüniň ok-därisniň astynda galdy diýmesek, uruş ýok. Ýöne adamlar
ýurtdan gaçýar-ow, gidýär başaran, geljegem däl. Gowulyk, parahatçylyk bolsa, kim ýurtdan
gitjek?” diýip, olam köpmanyly gürlän bolýa.
“Wäh, şo Hitrowkada bolan atyşygy aýtdaýt, men şuň gorkakdygyny şonda bildim. Bolmasa,
şäheriň ortasynda beýdip atyşman, gürleşip hem bordy oglanlar bilen – diýip, myhmanam başyny
ýaýkan bolýa.
“Şondan soň harbylara orden-medal, jaý, köp pul berip başlady bi, gorkdy” diýip, goňşym
Arkadagyň harby pudakda eden gowy işlerini hem garalap taşlady. Beýle-de görip, içigara adam
boljak eken, bir gowy eden zadyna gowy diý-de aýdaý-da adamyň, walla. Ýok, boljak däl, “bi
millete näçe köp jan çekseň, şonça-da özüň hakda kän gybat eşidersiň” diýýädi bir ýaşuly… Beh,
kim aýdyp-daýt şunyny? Dogry aýdan eken-ow, bijaý dürs aýdypdyr, onlukdan urupdyr asyl, bäh…
“Ýok, oglanlar, men Arkadaga “gorkak” diýseňiz, siz bilen oňuşmaryn” diýip, ahyry bolmajagyny
bilip, ýuwaşjadan ýerimden galdym. Agşamam bir çene baryberipdi, ýatmaka barmasam,
aýalymdanam ätiýaç edýärdim.
“Wäşi aga, gaty görme, ýöne şol gorkak – diýip, goňşym hikirdäp gülen bolýa. Uly adama,
molluma meňzeş däl. ‘Meniňem zat düşündirjek bolýan adamlaryma seret’ diýip, özümden göwnüm
geçjek boldy. O bolsa, içimdäki harasatdan habary ýok: “Onda-da baş harp bilen ýazylýan
“Gorkak” şol” diýip, gapa ugramda hem awusyny pürkmäni goýanok.
Ýadymda, ol ozal bir gezek ‘türkmen mediasy “hormatlyny”, “prezidenti”, “lideri”, “döwlet
baştunanyny” baş harp bilen ýazýa, bi ýalňyş’ diýen bolýady. Indem: “gorkagy” baş harp bilen
ýazmaly diýýä. Özleri birini kemsitjek bolsa, her zat etjekler, emma biri sylanyp, oňa birki gezek
“Hormatly” diýilse, bagyşlap bilenoklar, pes adamlar-ow…
Arkadag gorkak bolsa, şeýdip at münüp, at çapdyryp bilermi; şeýdip iň gymmat maşynlary satyn
alyp, göz edip maşyn sürüp bilermi; şeýdip milliardlarça dollarlyk kontraktlara hiç kimden soraman
gol çekip bilermi; ýurda tonnalap altyn daşadyp bilermi? Gorkak bolsa, Ahmedinejat bilen saçakly
gatnaşyp, ondan uçar sowgat alarmy? Men diýen ýurtlaryň wekilleri Ahmedinejat BMG-de çykyş
edende, zaldan çykyp gidýär-ä, how… Ol ne “Arap ýazyndan” gorkýar, ne-de “Gyrgyz
demokratiýasyndan”… “Adam hukuklary, metbugat azatlygy, beýleki” diýip, näçe gygyrýalar
daşary ýurtlardan, diýýämisiňizem diýenok. Sebäbi gazy bar, gyzyly bar oglanyň! “Gyzyl görse,
Hydyr azar” diýlenini bilýär ol. Haýsy ýurduň lideri edip bilýä şeýle oýunlary? Päheý-de welin,
diýmäýin diýsem, her kim gürlejek ýene. Özüňiz gorkak, diňe öýde, heleýňiziň ýanynda gürläp
bilýäňiz…
Dogrusy, gaharyma degişli edaralara jaň edip, gybatçylaryň temmisini berdireýin diýibem pikir
etdim, emma öýe gelemsoň, pikirimi üýtgetmeli boldum. Goňşymyň arkaýynja gürlemeginiň sebäbi
bardy: aýaly aýalym bilen aralaryndan gysyr çybyn gysylyp geçip bilmeýän jorady. Şeýle bolansoň:
“Wah, edäýmeliň-ä belli-le, arman tylym gowşak bolýa-da” diýip, ýatyş otagynyň gapysynda içimi
gepletdim. Emma bu sözleri içimden däl, daşymdan aýdan ekenim.
“Näme diýdiň?” diýip, aýalym düşekde kitap okap ýatan ýerinden, ýassykdan çala başyny göterip,
hemleli sorady.
Zalymyň gyzy, düşekde, ýatyş köýneginde, saçlaryny çözende hasam owadan görünýä. Gürlän
bolşuna seretsene,özüne göwni etýä-dä…
“Ýok-la, biderek zat-la, goňşydyr-da…” diýip, aýtman sypjak boldum. Sebäbi basymrak düşege
geçip, aýalymyň ýanynda gyşarasym, ak gujakda rahat tapasym gelýärdi.
“Ýok, aýtmasaň, hiç zat tama etme” diýip, aýalym gaşyny çytdy. Onsoň aýtmaly boldum.
“Men saňa ‘goňşy bilen jedelleşme, ol köp okaýa, köp bilýä’ diýmedimmi? Arkadagdan habarsyz
tonnalap gyzyl getirjek bolarmy şo Erol beý bärik?”
“Diýdiň, ýöne Arkadagyň o gyzyldan habary bolsa-da, Eýran bilen hasaplaşjak diýensoň rugsat
berendir. “Kyýamat güni goňşudan” diýipdirler. Günbatar Eýrana nähak azar berýä, ýadro
programmasy bahana, nebite göz gyzdyrýa. Arkadag bolsa…
“Arkadag Eýrana kömek etjek bolmaz, oň bar gaýgysy özüdir.”
“Men başga bir zat eşitdim, ynamdar. Arkadag o gyzyly aýal-gyzlara 8-nji mart sowgadyny bermek
üçin getirtjek bolan bolmaly…”
Aýalym bu sözüme jakgyldap güldi. Ýöne “gaharyny aňsatja ýazdym-ow” diýip, pikir etmäge-de
ýetişmedim. Ýüzüme urlan ýassyk bilen bile daşky otaga atyldym. Sebäbi aýalyma beletdim,
ýassykdan soň eline ilen zady zyňyp başlaýardy.
Kiçijik köppartiýalylyk (18.11.2013)
Şu günler, birhili, köçä çyksam, ýöremegiň ýerine uçup barýan ýaly bolýaryn. Birhili, ökjäm ýere
degmeýän ýaly. Ozallar öýden çykyp, işe ugramda, çala büdresem, “aýagyňy döwüp, maýybam
etjek bu ýollar, seredýänem ýok” diýip, trotuardaky döwük-ýenjiklere gargynyp, işe barýançam
hüňürdär barardym. Indi bolsa, ernim bir ýere gelmän, özüm bilmän ýylgyrýaryn.
Ilki munuň sebäbine düşünmedim. Ýöne men bir zada düşünmesem, aňsat çykalgam bar,
aýalymdan soraýýaryn. Ol maňa hemme düşünmeýän zadymy aňsatja, ynandyryjy edip düşündirip
berýär.
Bu gezegem şeýle boldy: “Şekerim, şu günler, birhili, keýpim kök, bir zada begenýän ýaly, şunuň
sebäbini düşündirsene – diýdim. – Oglum boljak ýaly edil, ýa sen göwreli-beýleki bolduňmy ýene?”
“Ýok, men däl, sen göwreli – diýip, aýalym jakgyldap güldi. – O gün, telewizorda dekabrda
parlament saýlawy boljak, parlamentdäki orunlara bir däl, iki partiýanyň dalaşgärleri gatnaşjak
diýenlerinde, begenjiňden tas oturan ýeriňden böküp turupdyň. Şonda bildim men seň “göwreli”
bolanyňy…”
Aýallar synçy bolýar diýilýäni çyn. Men oňa özümiň bu habara begenenimi bildirmejek bolupdym,
sebäbi onuň “sada bolýaň-ow, ärmuhammedim” diýip, üstümden güljegini, syýasy düşünjämiň
darlygyny ýaňsa aljagyny bilýärdim.
Aýallar synçy, bu dogry, emma olar köplenç syýasatdaky kiçijik ädimleriň hem uly netijesiniň
bardgyna kembaha garaýarlar.
Men işe baryp, kärdeşlerim bilen begenjimi paýlaşjak boldum. Emma ynanyşýanja iki kärdeşim
hem, edil aýalym bilen pikirdeş bolmasalar-da, meniň begenjimi paýlaşmadylar. Olaryň biri:
“Nobatdaky oýundyr-da, iki partiýa bormy şu ýurtda, entek bir partiýa ýok” diýdi. Men onuň bu
pikirine beletdim, ol bizdäki öňki partiýany hem “kommunist aždarhanyň taşlan gowy” diýip
atlandyrýardy. Onuň pikiriçe, biz aždarhanyň birwagt taşlap giden gowundan gorkup ýören
adamlardyk. Ikinji kärdeşim bolsa, gülüp: “Bä, onda bizde parlamentde gyzyl ýumruk urşy boljakda basym” diýip, ýaňsylan bolup goýdy.
Men biziň deputatlarymyzyň entek parlamentde beýle jarka-jarka girmejegine, elbetde, düşünýärin.
Ýöne bu syýsat, goý, ýasama partiýa bolsun, bizde-de indi iki partiýa bar. “Oýnap ekseň, boýnap
biter” diýipdirler. Birki ýyldan, köppartiýalylygy köpeltmek üçin, üçünji, dördünji ýasama partiýany
dörederler. Sebäbi men bilýän, prezidentimiz bir zada düşünse, birde-ikide durmaýar. Mysal üçin, ol
ilki daşary ýurt kompaniýalry bilen köşk, ofis, myhmanhana, elitka jaý, şaýol gurmaga gyzykdy,
birde-ikide durdumy?
Stadion meselesinde, her hili del sportlary durmuşymyza ornaşdyrmakda, ylmy konferensiýalary
gurnap, daşary ýurtdan adam çagyrmakda, çäre üstüne çäre geçirmekde hem şeýle boldy. Ol hem
öňdengörüji, hem praktik adam. Ilki bir zady barlap, synag edip görýär, peýda barmy ýa ýok, bar
bolsa, işi has giň gerimde dowam etdirýär.
Ozalky prezident beýle däldi, gorkakdy, köppartiýalylyk, adam hukuklary, syýasy tussaglar diýen
ýaly sözleri eşitse, gyzyl-däli bolýardy. Bu beýle däl, giň. Dogry, howlukmaýan ýaly, emma gördügä, köppartiýalylyk meselesinde, ikinji partiýany döretmek barada buýruk berip, öňküden bir ädim
öňe süýşdi. Eger ol “ertir ýene birnäçe partiýa dörediň, kanun öňünde hemmeler deň bolmaly,
tankytdan ýokarda adam ýok, meniň aýal doganlarymy hem kanundan ýokarda goýmaň, aga-ak,
gara-gara diýiň” diýse, kim oňa ýok diýer? Hiç kim.
Men işden gaýdyşyn pikir-hyýala çümdüm. Ine, täze saýlanan deputatlar Mejlisiň nobatdaky
sessiýasyny geçirýärler. Olar döwlet bujetini ara alyp maslahatlaşmagy karar edipdirler we bu
sessiýa döwlet baştutanyny hem çagyrypdyrlar.
“Bäh, işe başlap-başlaman Hormatlyny çagyrypdyrlar, howlugaýypdyralr öýdýän” diýdim. Görsem,
parlamentiň sessiýasyny açýan, alyp barýan hem Hormatlynyň özi. “Beh, bul-a bolmandyr, daşary
ýurtlar ýene tankytlar” diýip, içimden pikir etdim. Emma Hormatly meniň içimden eden pikirimi
biljekmi. Ol täze saýlanan deputatlara ýurduň jebisligi, halk agzybirligi, bileje dawalaşman işleşmek
we beýlekiler barada nesihat edip, soňam öz täze ýazan kitabyny sowgat berdi. Deputatlar
Hormatlynyň sözlän gysga sözüni birnäçe gezek gürrüldili elçarpyşmalar bilen böldüler. Soň olar
Hormatlydan özlerine sowgat beren kitabyna awtograf ýazyp bermegini, özleri bilen taryh üçin
surata düşmegi haýyş etdiler.
Men bu bolýan zatlary görüp, ýanymda aýalymyň, ynanyşýan işdeş ýoldaşlarymyň ýokdugyna
begendim. Öýe barsam, aýalym üstümden güler diýip, awtobus deňimize baranda maşyndan
düşmegi unudan boldum. Indi ol soňky duralga baryp, yzyna gelýänçä pikirlenmäge wagt boljakdy.
“Hiç ýurtda-da birden köppartiýalylyk dörän däldir, bu bir proses, ýuwaş-ýuwaş biziňkilerem taryha
başgarak görünşde girmelidigine düşünerler” diýip, men özüme göwünlik berdim.
Gowy pikir etmeli, ýagty tarapa seretmeli diýilýäni dogry. Bu pikir meniň dilime gowy sözleri salyp
beren ýaly boldy. Men “Jübi däl, halk parlamaneti, hakykat mejlisi” diýip, öz ýanymdan süýji
pyşyrdadym. Ýoga-beýlekide hem şunuň ýaly usullar ulanylýamyşyn ahyryn…
Awtobus soňky duralga baryp, yzyna öwrülende, meniň pikir-hyýalym öýümiziň ýanyndaky
duralgadaky derejesinden has ýokarlaryk galypdy. Ýagny men indi Hormatla el çarpýan däl, ondan
her sowlan köpük üçin hasap soraýan deputatlary görýärdim. Olar biri-birine gezek bermän, biri
otursa, beýlekisi ör turup, Hormatlyny paýtagtda gurlan gymmatbaha guluşyklar, etrap, welaýat
ýerlerindäki ýykyk ýollar üçin çüňke gabaýardy.
Dogrusy, hyýalam bolsa, men ilki göz öňümde bolup geçýän zatlardan gorkdum. Hormatly bu
ýagdaýy görüp, köppartiýalylygy ýatyryp, ýene öňki bir partiýaly sistema geçmeli etmese ýagşy
diýdim. Emma ol yza gaýtman, her soraga anyk jogap berýärdi we hatda käbir diýilýän zatlary
barlatmagy, eger şeýle faktlar ýüze çykarylsa, bu kontrakta dahylly ministre ýa häkime kanun
esasynda çäre görmegi wada berýärdi.
Men awtobusdan ernim bir ýere gelmän ýylgyryp düşdüm. Dogru-da walla, “pozitiw pikirlenmeli,
hemme zat gowy bolar” diýip, içimi gepletdim. Gowy pikir etseň, pikiriň hem açylýar.
Aýalym meni görüp: “Henizem Aý gören ýaly bolup ýörmüň?” diýip güldi.
“Şekerim, köne kitaplaryň birinde okapdym: “Arslan çagasyny, enesi ölenem bolsa, güjük
tutunmaň, ol birden ulalar we şir bolar” diýip. Biziň köppartiýalylygymyz hem, häzir kiçijigem
bolsa, birden ulalyp biler!”
“Wah, ulaltjak bolsaň, kän emdirmeli bor ony, öz-özünden ulalmaz” diýip, aýalym uludan dem aldy.
Pozitiw pikir (23.11.2013)
Ozalky Baky beýik prezident ýogalyp, täze Hormatly prezident saýlanandan soň, kän wagt geçmän
türkmen telewideniýesiniň gepleşiklerine tomaşa etmämi bes etdim. Sebäbi täze prezident, birhili,
öz roluny ynandyryjy oýnap bilmeýän ýaly göründi.
Prezident diýilse, iki sagatlap ýygnak geçirip, bir özi gürleýän, azgyrylýan, ministrleri garnynabeýlekiseine at dakyp masgaralaýan adam bolmaly ýaly, men täze prezidentiň az, üstesine özüne
ynamsyz gürleýşine öwrenişip bilmedim. Ýöne anna güni, Ministrler kabinetiniň ýygnagyny
geçirende, öňräk eşiden bir gürrüňim sebäpli, “gel, şuny bir gezek bir ünsli diňläp göreýin-le”
diýdim.
O gürrüňi awtobusda, öňümdäki oturyçda oturan iki sany adamdan eşidipdim. Olar tä barjak
ýerlerine ýetýänçäler prezidentiň gybatyny etdiler, “gürlemäge gezek gelende duran ýeri, ‘hem’
bilen ‘ineden’ başga sözi bilýäne meňzänok, ‘munny-mynny’ edip, Hormatly prezident bolaýşyny”
diýip, mys-mys güldüler. “Eşidişime görä, oňa ýygnagy açmak we ýapmak, arasynda bir zatlar
diýen bolmak üçin gysga tekst ýazyp berýämişler, şony zordan ýat tutýamyş bende, ýene ‘kitap
ýazýar’ diýip aldan bolýalar” diýip, awtobusdan düşmek üçin ýerinlerinden turanlarynda, olaryň biri
töwerekdäkilere hem eşidiler ýaly edip, gaharly aýtdy.
Bu gürrüň meni, näme üçindir, gaty gyzyklandyrdy. Ýogsa ozalam Hormatly prezident hakda her
hili gybatlary eşidipdim. Onsoň, “Hemedan daş bolsa, kädi ýakyn” diýipdirler, anna güni (22-nji
noýabr), habarlar başlanda diňläp göreýin-le şuny” diýdim.
Diýşim ýalam etdim, habarlar programmasy başlady, menem elime galam bilen depder alyp,
telewizoryň öňünde gyşardym. Diýlişi ýaly, diktor hökümetde maslahat geçirilendigini aýtdy, soň
Hormatly prezidentiň özüniň ýygnagy açyşy eşitdirildi. Şondan soň birsellem ýene diktor gürledi
we Hormatly prezidentiň ýetip gelýän Hasyl toýy barada aýratyn durup geçendigini habar berdi.
Şondan soň ýene Hormatly prezidente gezek ýetdi:
“Hormatly Ministrler kabinetiniň agzalary, ine, biziň öňümizde dabaraly, ine, toý-baýramy ýetip
gelýär, ýagny ýurdumyzda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän baýram, ýagny
Hasyl toýy hem ýetdi – diýip, Hormatly prezident bir sözlemde birnäçe gerekmejek ‘hem’ we ‘ine’
ulanyp, sadaja edilip taýýarlanan tekstini ‘ýatdan okamaga’ başlady. – Berkarar döwletimizde Hasyl
toýunyň şuň ýaly uly baýram hökmünde hem bellenmegiň örän bir giň many-mazmuny hem bardyr.
Bu baýram halkymyzyň bir yhlas bilen zähmet çekip gazanan baýlyklaryna, öndürilen bol hasylyna
bolan buýsanjyň aýdyň hem beýanydyr. Türkmen daýhanlaň şuň ýaly halal zähmetine döwlet
derejesinde hem goýulýan belent hem sarpadan hem nyşandyr. Biz ýurdumyzda edil beýleki
pudaklar bilen bir hatarda hem oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn hem üns berýäris.” Men haýdap,
Hormatly prezidentiň gerekmejek ýerlerde ulanan sekiz ‘hemini’ depdere belledim.
“Oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler, bu kabul edilýän çözgütler
ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny hasam, ine, berkitmäge, türkmen topragynda öndürilýän ýokary
hilli önümleri daşary ýurtlara ibermäge hem gönükdirilendir. Häzirki döwürde prezident
maksatnamasyna laýyklykda eziz diýarymyzda ak bugdaýyň, ine, gök-bakja ekinleriň, miweleň we
ir-iýmişleriň hem bol hasyly ösdürip ýetişdirilýär we ýurdumyzda hem azyk önüminiň bolçulygyny
hem döredýäris – diýip, Hormatly prezident aýtdy. – Gallaçy we pagtaçy daýhanlammyzyň
gazanýan üstünlikleri hasam hem bizi, ine, guwandyrýar. Olaryň ýadawsyz zähmeti netijesinde şu
ýyl hem ýurdumyz boýunça galla we pagta taýýarlamak baradaky hem şertnamalaýyn
borçnamalary, ine, artygy bilen ýerine ýetirildi.” Men haýdap, dört ‘ine’, ýedi ‘hem’ diýip belledim.
“Biz babadaýhanlarymyza netijeli zähmet çekip, toprakdan bol hasyl öndürmekleri we halal
zähmeti bilen hem baýamaklary üçinem ähli zerur şertleri hem döredýäris. Ine, muň şeýledigine
ýokary hilli oba hojalyk tehnikalaryň yzygiderli hem satyn alynmagy, topragyň berkedini artdyrýan
minearal dökünler we beýleki hem serişdeler bilen daýhanlaryň ýeňillikli hem bahalardan doly
üpjün edilmegi kärendeçiler bilen tabşyrylan önümler üçin hem hasaplaşyklaryň öz wagtynda hem
geçirilmegi aýdyň hem şaýatlyk edýär – diýip, Hormatly prezident aýtdy. – Oba zähmetkeşleriniň
döwletimiz tarapyndan özleri barada edilýän bu aladalara hem, yzygiderli berilýän hemaýatlara
hem, ine, jogap edip, netijeli zähmet çekjekdiklerine, geljekde hem has ýokary hem sepgitlere
ýetjekdiklerine hem men berk ynanýaryn.” Meniň bu gezekki sanap ýetişenim on iki ‘hem’ boldy.
Jemini jemlesem, Hormatly prezident üç-dört minutlyk gysga sözde otuza golaý ‘hem’ ulandy. Eger
ol ýygnakda öňki Baky beýik prezident ýaly iki sagatlap gürlese, millet ‘hemden’ we ‘ineden’ bizar
bolup, däliräp düze çykaýmaly bolardy.
Türkmen telewideniýesi erbet diýip ýördüm, ol Hormatly prezidentiň ýygnaklarda sözleýän uzyn
sözlerini gysgaldyp, galan ýerlerini öz sözleri bilen, redaktirläp eşitdirip, halk saglygyny goraýan
eken. Men indi, anna gününden bäri, türkmen telewideniýesi barada öňki pikirimi üýtgetdim, ýagny
pozitiw pikir edip başladym.
Ezilen halkyň arzuwy (18.01.2014)
Adamlar, men şu gün pikir etdim, has dogrusy arzuw-hyýala batdym. Muny begenip aýdýanymyň
sebäbi bar: mende uzak wagt bäri beýle ýagdaý bolmandy, ne pikir edipdim, ne arzuw-hyýala
batypdym.
Bilýän, siz eýýäm “Bu bende näme pikir etdikä, nämäniň hyýalyna batdyka?” diýip pikir edensiňiz.
Gördüňizmi, meniň pikir etmegim sizi hem pikirlendirdi. Diýmek, meniň pikir etmegimiň özi hem
pozitiw zat. Bu meniň uzak pikir etmezligimiň, ýagny telewideniýe näme aýtsa, şol aýdylan zatlary
çeýnemän ýuwdup, gurbaga ýuwdan ýylan ýaly, siňdirip bilmän, meýmiräp ýatmagymyň negatiw
zat bolandygyny görkezýär.
Hawa, garaşdyryp, siziň gyzyldan gymmatly wagtyňyzy almaýyn, eden pikirimi aýdaýyn.
Men “eger Arkadag her hepde mejlis geçirmese, ýa aýda saglyk ýodasyna çykmasa, tigir sürmese,
possujak agtygy bilen at münmese, kakasyny, atasyny hem goşup, ýylda bir ýa iki kitap ýazmasa,
ýaşlara goşulyp, toý bagşylaryna öýkünip, mejnun bolup aýdym aýtmasa ýa dijeýlik etmese,
telewideniýe näme hakynda gürrüň ederdikä?” diýip pikir etdim.
Bu pikiriň yzyndan bolsa, “eger döwlet daýhanlara näme ekmelidigini, haçan ekmelidigini, näçe
bahadan döwlete tabşyrmalydygyny, maldarlara haçan sygyr sagmalydygyny, çopanlara haçan
sürini örä çykarmalydygyny, haçanrak suwa ýakmalydygyny aýtmasa, näme bolardyka?” diýip
oýlandym.
Ondan soň bolsa, “eger döwlet medeniýet işgärlerini, ýazyjylary, kompozitorlary, hudožnikleri,
kinoçylary öz günlerine goýse, senzura duzagyndan boşatsa, näme bolarka?” diýip oýlandym.
Işdä nahar başynda açylýar diýýärler. Daşary ýurt firmalary, türkler, fransuzlar bilen baglaşylýan
kontraktlar, milliardlap ýele sowrulan dollarlar, işsiz galan, jenaýata baş goşan we türmä düşen
adamalr, daşary ýurtlara giden ýaşlar hem göz öňüme geldi, emma olar barada çynlakaý oýlanmaga
gorkdum…
Pikir etdigimçe pikirim açyldy, “eger döwlet ýaşlary, studentleri, mekdep okuwçylaryny gününe
goýsa, interneti petiklemegini, aragatnaşyk serişdeleriniň öňüne böwet basmagy bes etse näme
bolarka?” diýip pikirlendim.
Soňundan has gowy pikirler geldi. “Eger döwlet, ‘milli howpsuzlyk’ bahanasy bile adamlary birbirini satmaga mejbur etmese, edara başlyklary ilki Milli howpsuzlyk komitetiniň agenti bolup, soň
prezidente hasabat bermse, öz işini etse, nähili bolardy?” diýip oýlandym.
Şeýdip pikir edip otyrkam golaýdaky çagalar bagyndan şadyýan gülki eşidilen ýaly boldy. Çagalar
ýasama däl, çyndan şadyýan bolup gülýän ýaly boldy. Bu meniň uzak wagt bäri eşiden gülkim ýa
şadyýanlygym däldi.
Golaýyňda çagalar bagy bolsa, ene-atalaryň irden we agşamlyk çagalary bilen edýän gynançly
gürrüňlerini, çagalar bilen ene-atalaryň arasynda barýan dartgynly geşleşikleri hem eşitmeli ýa
diňlemeli bolýarsyň. Çagalar düşünmeýärler, olara köp zat gerek, iň gerek zat bolsa ene-atalary
bilen köpräk bile bolmak. Emma işleýän ene-atalar, çärelere gatnaşmaly bolsa, işden giç çykmaly
bolsa, ýa wada beren oýunjaklaryny satyn almaga pullary bolmasa, çagalary bilen özlerini aklap,
ötünç soraýan ýaly bolup, boýny buruk ýagdaýda gürleşýärler. Ene-atalarynyň boýny buruklugy
çagalary sussypes edýär, olaryň ýüzi solýar, gülküleri azalýar…
Bu pikirleniş meni goňşulykda ýaşaýan žurnalist barada hem oýlanmaly etdi. Birhili, ol işe böküp,
bökejekläp, aýdyma hiňlenip barýan ýaly göründi. Ozallar “işe gitsem, aýagymadan daş asylan ýaly,
bu gün näme ýalan sözlemeli bolaryn’ diýýärin” diýýärdi.
Sowet sosilizminden türkmen kapitalizmine miras galan duldegşir goňşymy göz öňüne getirdim. Ol
“türkmene demokratiýa berip bolmaz, söz azatlygy bolmaz, ol tire-taýpa bolup gyrlyşar” diýip,
gulagyma gygyran ýaly boldy.
“Bize geçiş döwri gerek, ýuwaş-ýuwaşdan, milli däpler, ýaşulularyň tejribeleri esasynda,
howlukman öňe gitmeli” diýip, ol sesine bat beren ýaly boldy.
Bu meniň uzak wagt bäri ejirini çekýän reallygymdy. Ol reallykdan diňe pikir bilen çykyp boljak
däldi. Onsoň men hyýala çümdüm. Dadyma il içinde “satlyk” diýilýän ak sakgally ýaşulular ýetişdi.
Olar welaýatlardan üýşüp geldiler-de, köşgüň agzynda durup, hor bolup gygyrdylar: “Biz bizar
bolduk, ýaşululara bukulyp, ogurlyk etmegi bes ediň! Bizi masgara etmäňizi goýuň, bu edýän
zatlaryňyz biziň bolanja abraýymyzy hem ýere çaldy, bize indi öýümizde, çagalarymyzyň içinde
hem ynanýan ýok. Halkyň depesinden düşüň, ol şu zatlar ýokka has agzybirdi, has bagtlydy” diýip
gygyrdylar.
Hawa, adamlar, meniň başymdan şeýle pikirler gelip geçdi, men şeýle süýji hyýala çümdüm.
Gurbangulystandaky söhbetdeşlik (03.03.2014)
Hormatly prezidentimiz anna güni öz halkynyň boş duran iş ýerlerine hem işe girip
bilmeýändiginden zeýrenmek zeýrendi. Uly wezipeli adamy şeýle çäresiz, ejiz halda görseň, gaty
gynançly bolýan eken. Dogrusy, bu diňe onuň öz günäsi hem däl. Sebäbi öňki prezident halky işsiz
goýup, “garamaýak” galdyrmak üçin kän zähmet çekdi, uly tagallalar etdi.
Ýöne öňki prezident bilen häzirkiniň bir meňzeşligi hem bar, olaryň ikisi hem ministrleri, häkimleri
günäleýär, olara käýinç berýär, gahary gelende işden aýyrýar, emma özlerinde günä görmeýär.
Megerem şundan, ýurtda üýtgeýän zat az. Ýagny işsizligem, parahorlugam öňküsi ýaly dowam
edýär, belki-de güýçlenýär.
Emma men Hormatly prezidentimiziň, nähilem bollsa, işsizlik hakynada gürrüň edip, ministri
tankytlap bilenine begendim. Öňki prezident daşary ýurtlara ten satmaga gidýän aýallary meslikde
günäleýärdi, bu prezident indi şol ten satýanlaryň köpelmeginiň sebäbiniň ýurtdaky işsizlik bilen
baglanyşygynyň bardygyna düşünjek bolýar.
Men bu pikirimi goňşularymyň ýanynda hem aýtdym. Olaryň biri güldi-de, “Täze anekdoty,
Işsizlikystanmy-Para ilini eşitdiňmi?” diýdi. Men “jyk” etdim.
Ol gülüp, täze anekdot diýýänini gürrüň berdi: “Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň
ýurduň adyny üýtgedip, Gazagystany “Gazak eli” diýip atlandyrmaly diýenini eşidip, iki dost
Türkmensitany hem ystanlykdan, yzagalak ýurtlaryň arasyndan çykarmak barada maslahat edýämiş.
Olaryň biri ozal neşekeş bolup, häzir neşesini goýan, ikinjisi bolsa neşesini goýup, arakhor bolan
eken. Olaryň birinjisi: “Türkmenistanyň adyny “Türkmen ili” diýip üýtgetmeli” diýýär. Beýlekisi
bolsa, “Bu hakykata laýyk gelenok, eger üýtgetjek bolsak, ýa “Işsizlikystan”, ýa-da “Para ili”
bolsun diýýär. Ertesi olaryň ikisinem KGB-ä çagyryp, öldir ýaly ýenjipdirler… Indi
Türkmenistanyň ady näme bolmaly diýseň, ikisem “Gurbangulystan bolmaly” diýýärmiş.”
Men bu anekdota gülkünç bolmasa-da gülen boldum. Emma ertesi bu gülkim üçin Milli
howpsuzlyk ministrligine “söhbetdeşlige” çagyrdylar. Ol ýerde meniň “Gurbangulystan” hakda
anekdot aýdyp, Hormatly prezidentimiziň abraýyna şek ýetirýändigimi aýtdylar. Men aňk-taňk
bolup, bu gürrüňi nähili ýagdaýda, kimden eşidendigimi aýdyp berdim, özümiň hiç hili günämiň
ýokdugyny düşündrimäge çalyşdym.
Bolsa-da, MHM-niň ofiseri aram garaýyşly ýaş ýigit eken. Onuň maňa ilki aýdan zady seresaplylyk
barada boldy. “Goňşularyňa, toýda-ýasda häkimiýetleri “batyrgaý” tankyt edýän adamlara kän
ynanma, diňle, içiňden “hä” diý-de oňaý, içiňi dökmekden, öz pikiriňi açyk aýtmakdan saklan”
diýdi.
Men biraz arkaýynlanyp, oňa: “Wah, şunça dilime bek boljak bolýan, emma indi halys çydamok,
käteler hut ýarylyp barýan, ýurt gözümiziň öňünde dargadylýar, halkymyz durşuna ogry-jümrä,
parahor-ýalança öwrülip gitjek” diýdim.
Ol sesini çala eşidiler ýaly edip: “Eşiden görene habar berer etme, ýaşuly, biz hemme zady içinden
görüp otyrys – diýdi. – Bärde senden beter ýanýan adamlaram bar, ýöne olar azlyk, wagt gerek,
adamlar ýetişmeli, öňki prezident kellesi çala işleýän adam bolsa kowdy ýa parahorluga çümdürdi.”
Men MHM-niň “söhbetdeşliginde” öňki prezident döwründe hem birki gezek bolupdym. O wagt
haýbat atýardylar, prezidentiň “özüniň gowudygyny, emma onuň töweregindäkileriň ogrudygyny”
aýdýardylar. Indi bolsa onuň adamlary parahorluga çümdürendigini aýdyp otyrlar.
Men içimden pikir öwürdim: “Bular indi şeýdip ikinji prezidentiň şahsyýet kultuny kanunlaşdyrjak
bolýarlar öýdýän. Hany, şony öwen bolup göreýin…”
“Hawa, agam, näme pikire çümdüň?” – diýip, MHM-niň ofiseri sorady.
Men: “Ýok-la, pikire çümme nämişlesin, ýöne ýurduň bolup barşy hopukdyrýa-da” diýdim.
“Bu prezident neşekeşligiň öňüni aldy, ýerli-ýerden kömek etsek, işsizligi hem ýok eder” diýip, ol
köpmanyly gepledi.
“Hä, bu meniň kömekçi, ýagny agent, KGB şugulçysy bolmagymy isleýän ýaly-la” diýip, içimden
çak urdum. Emma daşymdan: “Kömek etjek kändir-le, indi daşary ýurtlarda okan ýaşlar kän, dil
bilýärler, kompýuter bilýärler, şolary işe çekmeli” diýip, menem at göçümini etdim.
“Onuň dogry, emma daşary ýurtda okanlaryň akyllyraklary bizdäki aýlygy az görýär. Iň esasysy,
olar para alyp, ogurlyk edip, gapana düşmäge-de göwünjeň görünmeýär…”
Men MHM-niň ofiseriniň gözüme göni garap aýdan sözlerini kellämde agramlap, dilime gelen ilki
sözi aýdyp goýberdim: “Bä, olar kakalarynyň ýalňyşyna düşünädilermikär-aý”?
“Şeýle ýaly…” MHM-niň ofiseri ýüzüni aşak salyp dymdy.
Men: “Hormatly prezidentimiz neşekeşligi ýatyrdy, indi işsizşlik meselesini çözse, parahorlugy
azaltsa, okuwa, işe ökdeler seçilip alynsa, ýurt öser – diýip, sagadyma sereden boldum. – Başga
gürrüň bolmasa, men gaýdaýsam bolmazmy, agtyklarymy çagalar bagyndan almalydym.”
Ol başyny atdy: “Gaýdaýsaň bolar, ýaşuly… Ýöne häzirlikçe Gurbangulystanda ýaşaýanyňy
unutma!”
“Pakyrdawyk masgarabaz patyşa” (28.06.2014)
Öten agşam köçä gezime çykamda goňşym Atda Annaýewiç menden “Sen Daşogza patyşaň doglan
gününi bellemäge gitmediňmi?” diýip sorady. Men düşünmän: “O nähili patyşaň doglan güni?
Daşoguzda medeniýet hepdeligi bellenmeýämi?” diýdim.
Atda aga güldi: “Medeniýet hepdeligi nämişlesin? Medeniýet hepdeligi bolsa, her ýyl ala-böle
prezidentiň doglan gününe gabat geçmelimi? Ol şeýdip, her ýyl bir welaýatda öz doglan gününi
belledýär. Ozalky patyşa “Baýdak güni” diýip, halky bir gün heläk ederdi, bu tutuş bir hepde heläk
edýär. Ölmeseň, her hili masgarabazlyk görjek ekeniň…”
Men öňümizden gelýän Orazmyrat agany görüp, Atda Annaýewiçe “ýuwaş, bu ýene hormatlymyza
bir täze at dakaýmasyn” diýdim. Sebabi Orazmyrat aga Hormatly prezidentimizi halaman, oňa her
hili at dakmany, oturan-turan ýerinde ýaňsylamany gowy görýärdi.
Emma Orazmyrat aga gelip, Atda Annaýewiçden beterini aýtdy: “Bilýäňizmi, ahyry patyşamyzyň
hakyky, doly şapylaşyp duran adyny tapdym, oňa indiden eýläk “Masgarabaz patyşa” diýmeli.
Şeýtesek, tüýs ýerine düşjek, sebäbi…”
Atda Annaýewiç onuň sözüni böldi: “Hany, onuň öňki atlaryna näme boldy? “Kserekopiýa” diýdiň,
“Boş baklaşka”, “Babarap modeli”, “Modern arhitektor”, “Derman çöpler klassygy”, “Dijeý
prezident” diýdiň, olaram-a gowy atlardy?”
“Ol atlar köneldi. Düýn Meret aga bilen metjide namaz okamaga gitdim. Şo ýerde adamlar gürrüň
edýär. Ozalky patyşanyň Onjuk Musaýew diýip ýörite tutulan masgarabazy bardy, bu görgüli
masgarabaz hem tapynyp bilmedi, ahyry özi masgarabaz bolmaly boldy diýýärler. Men, dogrusy,
gaty gynandym. Ozal gaharym gelerdi. Görüp otursam, bu prezident masgarabaz edinmäge kadr
tapman, ili güldürmek weizipesini hem öz üstüne almaly bolan eken. “Bolasy Ministrler kabinetinde
zol-zol ‘kadr ýetişdirmeli’ diýýädi-le” diýip, irden bu gynanjymy aýalym bilenem paýlaşdym.
“Öňki ýüzükli bedibagt gursun, kadrlary pürreläp gitdi, masgarabazam tapylanok indi bu ýurtda”
diýip, aýalym hem meniň bu pikirim bilen ylalaşdy. Siz nähili görýäňiz, indiden eýläk şuňa öz
aramazda “Masgarabaz patyşa” diýsek bolarmy?
Atda Annaýewiç ajy ýylgyryp: “Bolar, ýöne basym bu tapan adyň hem könelmese ýagşy. Häzir
internet asyry, durmuş çalt ösýär” diýdi.
Orazmyrat aga meniň ýüzüme soragly seretdi. Men näme diýjegimi bilmän, “Pakyrdawyk patyşa”
diýip bir ertekiler kitabam çykypmydy?” diýen boldum.
“Bir kelleden iki kelle” diýleni… He-he… Goý onda şuň ady indi “Pakyrdawyk masgarabaz
patyşa” bolsun” diýip, Orazmyrat aga haýdap gelşi ýaly, haýdabam öz ýoluna gitdi.
Ýeke-täk busanjymyz – Çäreler! (10.07.2014)
Aýlanaýyn Ak şäherim Aşgabatdan!
Ak mermer paýtagtyma döneýin!
Buýsançdan başym gök direýär!
Hormatly prezidentimiz, posalajyk agtygy bilen Akhan münen Arkadagymyz sag bolsun!
Ol bizi Bagtyýarlygyň beýik Türkmen kölüne boýumyz bilen, gaýdyp yzymyza çykmaz ýaly
batyrdy.
Bu bagty wasp etmekde arman-ýadaman zähmet çekýän Gözel Şagulyýewa sag bolsun!
Dogry, beýik Arkadaga bu beýik işler aňsat düşmeýär. Ol bizi by bagtyýar berkararlyga ýetirmek
üçin Baky Beýik Türkmenbaşynyň kadr çalşyrmak we käýinç bermek ýolundan gyşarman gitmeli
bolýar.
Mysal üçin, Ak şäherim Aşgabatda edil 7-nji iýulda geçirilen hökümet maslahatyny alyp göreliň. Bu
maslahatda Arkadagymyz bir paçka täze ministr belledi. Elbetde, munuň üçin ol bir paçka köne
ministri işden aýyrdy. Gep-gybat bolmasyn, özünden toslaýar diýmesinler, anyk faktlary getireýin:
Mele Gurbandurdyýew (awtomobil transporty minstri) ozalky orunbasary Maksat Aýdogdyýew
bilen çalşyldy; Babamyrat Taganow (ykdysadyýet we ösüş ministri) ozalky işgäri Wepa
Abdylhekimow bilen çalşyldy; Döwletgeldi Sadykow (maliýe ministri) ozalky orunbasary
Muhammetguly Muhammedow bilen çalşyldy; aprelde medeniýet ministrliginden boşadylan Gunça
Mämmedowanyň ýerine ozalky orunbasary Annageldi Garajaýew bellenildi; wise-premýer
Babanyýaz Italmazow ozalky gurluşyk we arhitektura ministri Batyr Ereşow bilen çalşyldy.
Çalşyldy diýsem, olar bir-biri bilen ýerini çalşandyr öýdäýmäň, bu aşakdakylaryň ýokaryk çekilip,
ýokarkylaryň işden boşadylýandygyny, belki-de başga has dar-darty ýere iberilýändigini aňladýar.
Ýöne kadadan çykma hem bar: ösdürilen gurluşyk we arhitektura ministriniň ýerine onuň ozalky
orunbasary Gapurberdi Baýramdurdyýew bellenildi.
Saglygy saklaýyş ministrine, Döwlet Sport komitetiniň başlygyna, “Türkmennebitgazgurluşyk”
döwlet konserniniň başlygyna käýinç berildi. Elbetde, olar goýberen düýpli kemçiliklerini gysga
wagtda düzetmeseler, işden aýrylarlar. Işden aýrylýanlaryň indi 20 ýyl bäri yzy kesilmeýär, bu
prezidentler (ozal öňki, indi häzirki) tarapyndan görkezilýän kemçilikleriň düzedilmeýändigini
aňladýar.
Muňa-da mysal getireýin: Ynha, şu ýyl welaýatlaryň hiç biri galla planyny doldurmady. Ýogsa
Arkadagymyz oba daýhanlary üçin hemme şertleri döredýär. Tehnika gerekmi, suw ýa dökün
gerekmi, näme diýseň berip dur sahawatly Arkadagymyz. Emma daýhanlar ýalta, işlemeýärler.
Elbetde, munuň üçinem käýinç berildi.
Hökümet baştutanynyň oba hojalyk işleri boýunça orunbasary Annageldi Ýazmyradowa, Ahalyň
häkimi Mämmetnyýaz Nurmämmedowa, Balkanyň häkimi Bäşimmyrat Hojamämmedowa,
Daşogzuň häkimi Esenmyrat Orazgeldiýew, Lebabyň häkimi Muhammet Joraýewe, Marynyň
häkimi Bäşim Annagurbanowa beýik käýinç berildi.
Elbetde, käýinçden soň işden aýrylmak, belki-de türmä-bir ýere taşlanmak, içerki sürgüne
ugradylmak ýaly zatlar bolýar. Men muny tejribeden aýdýaryn. Garyp millet bu hili ozalky
başlyklaryň gara günli bolmagyna begenýär hem diýýärler. Olar özaralarynda olara “haramhorlar”
diýip, at hem dakypmyşlar.
Dogry, bu ýagdaýyň käbir gynançly taraplary hem bar. Ýagny ministr, häkim bellenenler onlap,
ýigrimiläp, otuz-kyrklap çalşyrylyp, käbir hasaplamalara görä, 20 ýyl içinde müňe ýakyn ýokary
bilimli adam “brak” edildi. Olar ministr, häkim ýa orunbasar bolup, ýaňybir durmuşyň, mesligiň
tagamyny dadyp başlan adamlar. Olaryň aýallary, oýnaşlary, ogul-gyzlary, garyndaşlary hem
ýaňybir ýaýnap başlaýar welin, birden käýinç, işden aýyrmak diýen ýaly ýürek ýargyç sözler
eşidilýär. Bu Türkmenistanyň wezipe basgançagynda ýokaryk dyrmaşan adamlarynyň saglygyna
ýaramaz täsir edýär diýip, saglyk ekspertleri aýdýarlar.
Ýurtda gizlin, ýagny bikanun ýagdaýda saklanýan syýasy ekspertler bolsa, bu meseläni onlap
ministri aýryp däl-de, olara derek bir prezidenti işden boşadyp, hakyky saýlaw geçirmek arkaly
çözmeli diýýärler. Eger şeýle edilse, ýene gynançly zatlar bolar, ýagny mähriban Arkadagymyz
Akhana derek mada eşek münmeli bolar, onuň posalajyk agtygy bolsa pyýada galar. Iň ýamany,
prezidentimiziň aýal doganlary, ýegenleri gaty horlanar…
Ýöne bu ýerde begençli bir ýagdaý hem bar: beýik Arkadagymzy ministrler kabinetiniň ýygnagynda
medeni çäreleri geçirmekde uly tejribe toplandygymyzy aýtdy. Galla öndürmekde tejribe toplap
bilmesegem, tans etmekde, baýdak galgatmakda tejribe toplapdyrys. Bu hakyky halk
demokratiýasynyň netijesi, bagtyýarlygyň beren miwesi, adamlar!
Beýik Arkadagymyzdan soň, halk hökmünde ýüzümizi ýere salmaly bolmanymyz, utanja
galmanymyz üçin, hökümet başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar serişdeleri boýunça
orunbasary Maýsa Ýazmuhamedowa sag bolsun! Ol 7-nji iýulda beren hasabatynda şu ýylyň alty
aýynda 22 ýarym müňden gowrak medeni-köpçülik çäresiniň geçirilendigini habar berdi. Ýagny
bizde her güne 120-den gowrak medeni çäre düşýär. Kadrlar zaýalanýar, adamlaryň öýi ýykylýar,
işsizlik, sowatsyzlyk, parahorluk ösýär, ýurt tozýar, ýaşlar ýurtdan gaçýar, dünýä gülki bolduk diýip
gynanmaly däl. Begençli zat hem bar, ýagny biz çäre geçirmekde dünýäde birinji barýarys. Munuň
üçin ozaly beýik Arkadaga, soň Maýsa gelnejä, (işden kowlanam bolsa, men bir adalatsyzlyk
etmäýin) şu alty aýdaky çärelere akyl-parasadyny gaýgyrmadyk Bägül gelnejä hem köp sag bolsun
aýtmaly.
“Ştangaçy ýazyjy” kim? (20.07.2014)
Men, birhili, durmuşdan yza galýanmy, nämemi?!.
Has dogrusy, soňky internet nesli meni, birhili, oturgyçsyz wokzalda otludan galan ýolgaçy ýaly,
garaköseň edýär.
Men ýolda-yzda, toý-tomguda olaryň edýän gürrüňlerine, ulanýan täze söz düzümleriniň hakyky
manysyna düşünip bilemok.
Ýogsa, günälerini götermäýin, biraz türkçe garýarlar diýmeseň, gül ýaly türkmençeleri bar…
Arada, awtobusda bazara barýarkam, öň hatarda oturan bir ýaşuly ‘taksiler gymmatlady’ diýip
zeýrendi. Dik duran oglanlaryň biri oňa gapdaldan: “11-lik taksä münäýerler, bize-ä şony ulanýas,
gaty arzan” diýdi.
Men: “Be, aýdanyň gowy boldy, beýle arzan zat bolsa, bize-de telefon nomerini ber” diýdim welin,
ýaňky oglan gülüp, duralgada säginen awtobusdan ylgap düşdi gidiberdi.
Birhili, awtobusdaky ýolagçylaram maňa gynançly seredip, bildirmän ýylgyrýanýaly boldy.
Soň agtyklarymdan soraşdyryp görsem, “11-lik taksi” diýip adamyň iki aýagyna aýdylýan eken.
Ýöne ýaşlar hemme düşünmeýän zadyňy düşündirip hem durmaýar. Garry adama zat düşündirip
durmaga sabyr-takatlary ýetýän däldir-dä, elbetde.
Mysal üçin, men käbir ýazyjylara näme üçin ‘ştangaçy’ diýýänlerine hiç düşünip bilemok. Dogry,
birki ýazyjy bolsa, ‘olar boş wagty sport zalyna baryp ýa öýünde ştanga götermegi hobbi-beýleki
edinendir’ diýip, bu soraga özüň hem jogap tapsa boljak.
Emma soňky döwürde “ştangaçy” diýilýän ýazyjylar juda köpeldi. Onda-da nirde köp ady çykýan,
orden-medal alýan, watana eden hyzmaty üçin döwlet tarapyndan juda sylanýan ýazyjylara
“ştangaçy” diýýärler.
Ýa döwür, durmuş gaty öňe gitdi, ýa-da biz ýaşulularyň aňkasy aşýar. Şularyň birden-biri bolmasa,
bu ýerde uly bir syr bolmaly däl. Ýöne ýaşlaryň dili, birhili, modernleşýär. Muny boýun almaly.
Olar, birhili, biziň uzak gürrüň edip aýdan, aňladan zatlarymyzy gysgaça, bir ýa iki sözde aýdýarlar.
Belki-de şondan, olar köne stilde, köp söz ulanýan, galyň kitaplary ýazýan ýazyjylara, agyr
atletikaçylara deňäp, “ştangaçy” diýýändirler.
Men muny ysyrganyp, student agtygymdan şol sylagly ýazyjylaryň birkisiniň täze kitaplary
hakynda soran boldum. Agtygym elini silkip: “Aý, olar ştangist-laý, ata” diýip, kän gürrüň etmek
islemedi.
Umuman, ýaşlar “ştangaçy ýazyjylary” halamaýar, men muňa düşündim. Ýöne ýazyjylyk bilen
ştangaçylygyň arasynda nähili arabaglanyşyk bardygyna düşünmedim. Iň ýamany, olar zenan
ýazyjylaryň hem käbirine “ştangaçy” diýýärler.
Hatda bir zenan şahyra ştanga götermekde ýurduň “öňüne adam geçirmeýän çempiony” hem
diýdiler. Ýogsa, saçyny-beýlekisini boýan hem bolsa, ol ýaşy bir çene baran babuşka-laý…
Aýtmaklaryna görä, ol öňki prezidentden hem, häzirki prezidentden hem “ştangaçylara” berilýän iň
uly baýraklary ençeme gezek almagy başarypdyr. Zora-zor diýmeli, höwri köp bolsun baýragynyň,
göripligimiz ýok bendä…
“Men, dogrusy, ýazyjylaryň arasynda ştanga götermekden ýaryş geçirilip, oňa-da prezidentiň
sylagynyň berilýändigini eşitmändirin” diýsem, agtygym: “Ata, sen hemişe piliň gulagynda
uklaýaň-da” diýip, kikirdäp gülen bolýar.
Hatda bir gezek oglumdan “ýazyjylara ‘ştangaçy’ diýmekleriniň sebäbi näme?” diýip, gönüläp hem
soradym. Olam ýylgyryp, “agyr zat göterýändirler-de, kaka, başga adamlaryň göterip bilmeýän
ýüküni daşaýandyrlar-da… Ýazyjylar her milletiň ruhy lokomotiwleri bolýar-a” diýip, ajy
ýylgyrýar.
“Onda Seýitnazar Seýdem ştangaçy bolýar-da” diýip, men watançy şahyry orta okladym. Bilýärdim
diýsem ýalançy, emma çak edýärdim, ol bu soraga ör-gökden geldi.
“Kaka, aýdýan zadyň näme, ol eline ýarag alyp, ýurt goran şahyr ahyryn! Bu ştangaçylar bolsa,
parahat döwürde…” Ol başlan sözlemini gutarman, gaharyna dym-gyzyl bolup, öýden çykyp gitdi.
Hawa, başda hem aýdyşym ýaly, men, birhili, durmuşdan yza galýanmy, nämemi? Dogrudanam,
“ştangaçy ýazyjy” diýip kime, nähili ýazyja aýdylýar? Bilýän bolsaňyz, aýtsaňyzlaň?
Ýalançylyk aýlawynyň “ussat halypa çapyksuwary” (15.09.2014)
Ýalňyşmasam, 8-nji sentýabrdy, telewziorda “hormatly prezidentimiziň” nobatdaky wideoşekilli iş
maslahatyny geçirendigi habar berildi.
Diktor “maslahatyň gün tertibine ýurdumyzyň welaýatlaryny we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň, milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri, şeýle
hem döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň beýleki möhüm ugurlary girizildi” diýensoň, elime alan
çaýly käsämi goýup, telewizora gulak gerdim.
Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi
M.Nurmämmedow çagyryldy. Ýöne häkim eden işleri barada hasabat bermegiň deregine prezidente
ýaranjaňlyk etmäge başlady. Ol ilki ony tutuş welaýatyň ilatynyň adyndan “Türkmenistanyň ussat
halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady, soň onuň
“şan-şöhraty äleme dolan milli atçylyk sungatyny dikeltmekde we ösdürmekde, onuň däplerini
dowam etdirmekde ägirt uly işleri bitirendigini” aýratyn nygtady.
“Beý-bäh!” diýip, agzymy açanymy, gaçara ýer gözlänimi duýman galdym. Dogrusy, men bir
konserwatiw adam. Megerem, bu gylyk kakam pahyrdan geçipdir. O pahyram, öňki prezidenti
öwenlerinde, “ýüzüm gyzarýar, bir ýerik gaçyp gidesim gelýär” diýerdi.
Dogrudanam, erkek kişi erkek kişini ýüzüne öwüp dursa, hiç gelşigi ýok. Aýal maşgalany öwseler,
onda-da ikiçäklikde ýa goşgy-gazalda öwseler, bu başga gep…
Soň göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Balkan welaýatynyň häkimi
B.Hojamämmedow çagyryldy. Diktor bu häkimiňem prezidenti “Türkmenistanyň ussat halypa
çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlandygyny we günbatar
welaýatyň ähli ilatynyň adyndan milli Liderimize türkmen halkynyň gadymdan gelýän atçylyk
däplerini dikeltmekde we dowam etmekde taýsyz tagallalary üçin çuňňur hoşallyk sözlerini”
aýdandygyny habar berdi.
Men ýene-de bir gezek “Bäh!” diýip, gaçara ýer gözledim…
Soň gezek Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe ýetdi. Olam welaýatyň ähli
ýaşaýjylarynyň adyndan “hormatly prezidentimizi” “Türkmenistanyň ussat halypa
çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. Diktor onuň “döwlet
baştutanymyzyň alyp barýan ägirt uly işleri netijesinde ýurdumyzda gadymdan gözbaş alýan milli
atçylyk sungaty we atçylyk sportunyň dürli görnüşleri öz ösüşinde täze itergä eýe boldy”
diýendigini hem habar berdi.
“Bäh, ýazyp okaýmasaň, ýatdan aýdyp boljak sözler däl-aý” diýdim. Ýöne meni häkimleriň
hemmesiniň şol bir tertipdäki sözlemleri “düzüşi” hem haýran galdyrdy.
Soňra göni aragatnaşyga Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýew çagyryldy. Olam “hormatly
prezidentimizi” “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy
bilen tüýs ýürekden gutlap, welaýatyň ähli ilatynyň adyndan döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk,
uzak ömür, eziz Watanymyzyň we türkmen halkynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde
egsilmez gujur-gaýrat we täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soň “hormatlyny” Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow “sebitiň ähli ýaşaýjylarynyň
adyndan “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň dakylmagy bilen
tüýs ýürekden gutlady we “döwlet baştutanymyzyň milli atçylyk sungatyny ösdürmäge hem-de
onuň şan-şöhratly däpleriniň täze taryhy döwürde dowam etmegine goşan goşandynyň ägirt
uludygyny” aýtdy.
Men “bäh-bäh” edip oturmamy goýup, habaryň yzyna gulak asdym.
Gezek Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedowa ýetdi. Onuňam “hormatly prezidentimizi”
“ähli aşgabatlylaryň adyndan “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly adyň
dakylmagy bilen mähirli gutlandygy” aýdyldy.
“Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek meselelerine
yzygiderli üns bermegi netijesinde häzirki döwürde türkmen halkynyň gadymdan gelýän bu
sungatynyň täze belentlige çykdy. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, at çapmagyň milli sungatyny
kämilleşdirmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini
dünýä ýaýmak boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär” diýip, telewideniýäniň diktory bu
gutlagyň yzyny hem şol bir lenç edilen taryp sözleri bilen berçinledi.
“Bäh, şol bir zady gaýtalap oturmakdan ýadanoklarmyka-raý ?” – diýip, içimdäki pikirimi daşyma
çykardym. Şol wagtam goňşym Atanazar aga gapydan girdi.
“Näme “bäh-bähläp” otyrsyň-ow?” – diýip, ol salam-helikden soň, düşek üstünde jaýlaşykly
ýerleşip, kinaýaly sorady.
“Aý, şularyň prezidenti öwmekden ýadamaýyşlaryna geň galýan-laý… Beýle-de bir şöhrat açlygy
boljak eken! Adamlar baý ýurtda garyp, millet iş diýip daşary ýurtlara gidýär, bular bolsa atçylyk
diýdi, welsepidçilik diýdi, prezidenti öwmäge bir zat toslap tapaýýarlar…”
“Öwmeseň, işden gitmeli, işden gideniň hem owarram, ogurlan zatlaryňy yzyna bermeli, türmä
girmeli… Öwmäge zat tapmabilseň, tapma onsoň…” Atanazar aga ajy ýylgyrdy.
“Ah-ow, şo diýilýän hormatly ady döretmek baradaky karara gol çekýän prezidentiň özi, soň ony
ilki bolup alýan hem özi; häkimler, ministrler bolsa, prezidentiň öz işe belläp, öz işden kowýan
adamlary, onsoň öz döreden at-derejesini özi alyp, öz ýaranjaňlaryna öwdürse, boldugymyka?”
“Dagy näme etsin? – Atanazar aga ýene ajy ýylgyrdy. – Ol adamlaryň garypdygyny, gaharlydygyny
bilýär. Ýanyndakylar öwse, bolmanda adamlar onuň ýalançylyk aýlawynda ýeke däldigini bilerler.
Korrupsiýa çümensoň, ýalan öwgüden haraý gözleýändir-dä…”
“Adamalryň gaharlydygyny bilýän bolsa, beýtmesin-dä, milletiň durmuşyny ýeňletjek bolsundahow” – diýip, men sesimi gataltdym.
“Ol ony başarmaz, ýanyndakylaram başarmaz, olar bir zady – ogurlygy we ýalançylygy öwrendiler,
şondan hem çykyp bilenoklar.”
“Onda hormatlymyz ogurlyk we ýalançylyk aýlawynyň ussat halypa çapyksuwary-da, şeý diýjek
bolýaňmy?” – diýip, men Atanazar aga gaharly çiňerildim.
“Bolup biler” diýip, ol ýene ajy ýylgyrdy.
Men prezidentimize düşünjek boldum… (06.10.2014)
Hawa, men “Hormatly Prezidentimize” düşünjek boldum. Emma başarmadym.
Oňa metbugatda “Hormatly” diýýärler, “Prezident” sözüni hem baş harp bilen ýazýarlar. Hamala,
şeýdilende ol artykmaç hormatly, hakyky baş boljak ýaly. Ýöne men metbugatçylara düşünýärin,
olar ýaranjaňlyk edýärler.
Bizde 1991-nji ýyldan bäri ýaranjaňlyk moda, ýagny prezident kürsüsinde oturan adam oýnatgy,
näçe götergileseň, näçe ýuwan söz tapyp öwseň, hatda adynyň öňünden “hormatly”, “çuňňur
hormatlanýan” diýen ýaly türkmende hiç wagt bolmadyk, rusçadan terjime edilen ýasama
goşundylary goşsaň hem monça bolýar…
Emma men şonda-da prezidente düşünjek boldum. Sebäbi ýaşulular bu prezident ene-ata terbiýesini
gören, edil öňki ýaly süwümsiz bolmaz diýdiler. Üstesine, ol wagtynda okap, doktor bolupdyr, ak
halat geýip, adamlaryň saglygyna seredipdir. Bu mukaddes iş, ýöne bir ýurda prezident bolmak hem
mukaddes iş ahyryn!
Eýsem şeýle mukaddes iş ynanylan adam näme üçin halkyň puluny ýele sowrup, köşk üstüne köşk
gurdurýar? Ýa ol “eziz raýatlarynyň” köpüsiniň aç-hordugyny, işsizdigini, ýaşlaryň ýüz müňläp
okuwsyz, hünärsiz galyp, ýat illere okuw, iş gözläp gidýändigini, hatda hünärli adamlaryň hem
başarsa ýurtdan gaçmaga, başga ýurtlarda işlemäge çalyşýandygyny bilmeýärmikä?
Ol ozal saglygy saklaýyş ministridi. Şo wagt saglyk pudagy dargadyldy, eli ýeňil wraçlar söwda baş
urup, ýa başga bir ýurda gidip, raýatlary keselleri bilen ikiçäk “taşladylar”. Indi keselli adamlar
Eýran, Türkiýe, Hindistan, Russiýa, Taýland… ýaly ýerlere gidip, kesellerini bejerdýärler.
Okuw-bilim sistemasy hem Nyýazow döwründe dargadyldy. Ýaşlar şindem köplenç daşary ýurtlara
gidip okaýarlar. Ýurt içindäki bilim para-peşgeşiň gara palçygynda bulaşyp ýatyr. Muny bilmeýän
ýok, ýa prezident bilmeýärmikä?
Eger bilýän bolsa, bu sistemadaky parahorlugy, yzagalaklygy ýazgarjak ýaly. Emma ol bu zatlary
agzanok, asla onuň nämäni agzap, nämäni agzamaýany hem görnenok, eşidilenok. Sebäbi
telewideniýe onuň Ministrler kabinetiniň mejlislerinde aýdan sözlerini gysgaldyp, diňe ýygnagy
açýan we ýapýan ýerlerini eşitdirip, soň her annada gaýtalaýan şol bir teswirlerini berýär. Ol
teswirlerde prezidentiň diňe “toý-dabaralary guramaçylykly geçiriň”, “ekini wagtynda ekiň, hasyly
wagtynda ýygnaň”, “gurluşyklary wagtynda we ýokary hilli guruň, sagdyn durmuş ýörelgelerini
ýaýradyň…” diýen ýaly umumy, lenji çykan tabşyryklary berýändigi aýdylýar.
Telewidenýie ýurtdaky ösüşleri ‘bedew bady’ bilen öwýär, emma hakyna seretseň, öwünmäge
ýagdaý ýok. Düşen ýagdaýymyza düşünseň, oturyp, hünibirýan ses edip aglamaly. Juda gömük
bolmasaň, muňa düşünmez ýaly hem däl, ýagdaý her ädimde göze dürtülip dur. Emma prezident
gaýtarma ýaly bezenip, ýüzüni-gözüni reňkläp, welosiped ýa at münüp, bahasy çişirilen, şol bir
wagtda hiç zerurlygy ýok köşkleri gurdurmakda ‘bedew badyna’ gaýra dur diýdirýär. Men oňa her
näçe düşünjek bolsamam, hiç düşünip bilemok….
Türkmen döwlet habarlar gullugy golaýda onuň täze Hökümet binasynyň dabaraly açylyşyna
gatnaşyp, soňam ol köşgi guran fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşandygyny habar
berdi. Dogrymy aýdaýyn, begenmedim, guwanmadym, gorkdum, “Watanyň” diktory ýene bir
köşgüň gurluşygynyň kontraktyna gol çekdi diýen “şatlykly” habary okar öýtdüm…
Soň TDH “Hormatly Prezidentiň” täze Hökümet binasynda bir günde üç mejlis geçirendigini habar
berdi, emma üç mejlisden hem şol öňki gulagy kamata getiren teswirler eşitdirildi.
Men prezidente düşünjek bolýaryn, emma düşünip bilemok. Dogry, ýurtda oppozisiýa ýok, garaşsyz
syýasy partiýalar, erkin pikirlilik ýok, boljagam gümana. Emma bu halys orta asyr patyşalygyna,
aňyrsy görünmeýän garaňkylyga, köşk masgarabazlygyna dolanmaly diýildigi däl ahyryn. Ýa ol
prezident däl-de, köşk mazgarabazymyka?
TDH onuň ol köşkden çykyp, beýleki köşke gidenini habar berýär. Onsoň ýene aýdym-saz,
“Arkadagly Aşgabat” we ýene-ýeneler. Ol bu ýalan öwgileriň ýalandygyny bilmeýärmikä? Düýnki
gün özem Nyýazowy ýalanjykdan öwüpdi, öldi welin, “it degdi” diýleni boldy ahyryn ol bendä.
Öwenleri owarram, elinden başga iş gelmeýänlerem aç ölmeli däl, goý, ýaranjaňlyk edip,
ekmeklerini gazansynlar diýsem, il-gün, çagalar, eneler aç-hor, ol bolsa bir öwülse, on öwgi isläp,
bir köşk gurulsa, ýene we ýene isläp, gymmat oýunjak alyp, ýene oýunjak diýip aglaýan baý ogly
ýaly. Ýa bizde prezident şeýle bomalymyka, illerdäki ýaly bolmaly dälmikä?
Men prezidente düşünjek boldum, emma başarmadym. Sebäbi men prezident kanunçylygyň kepilibeýleki bolmaly diýip düşünýärdim, il aladasyny etmeli diýip hasaplaýardym. Emma biziň
prezidentimiz diňe oýnaýan ýaly. Ýöne men onuň bizi oýnaýanyna-da, özüni oýnaýanyna-da
düşünip bilmedim…
Gülmelimi ýa aglamaly? (13.01.2015)
Men türkmen propagandasyna “Nalajedeýin propaganda, hiç kimiň ynanjak zady däl, biderek pul
harçlaýarlar, wagt ýitirýärler” diýerdim.
Gülmek üçin görmesem, türkmen telegepleşiklerini asla görmezdim. Ors ýa türk telewideniýesine
serederdim, goňşularym, tanyş-bilişlerim hem şeýledi.
Ýöne ýalňyşan ýerim, ol telegepleşikleri görýänem az däl eken. Olara ynanýanam bar eken. Bar
ekenem däl, kän eken. Asyl olar bireýýäm biziň durmuşymyzyň reallygyna öwrülen eken.
“Nädip beýle kesgitli pikire gelip bilýäň?” – diýip soramagyňyz mümkin. Aýdaýyn.
Geçen hepde obada ýaşaýan kursdaşlarymyň biri körpe ogluny öýerýändigini aýdyp, uniwersitetde
bile okan ýoldaşlarynyň hemmesini toýa çagyrdy. Beýleki oglanlar, hatda gyzlaryň hem bir topary
geljek diýensoň, menem gidermen boldum.
“Köp wagt bäri Aşgabatdan çykamok, oba adamlary nähili ýaşaýar, 1-nji ýanwarda benzin, dollar
gymmatlandan soň halkyň oý-pikiri nähili, göreýin, bileýin, bilen bilmedikden ýagşy” diýip, içimi
gepletdim.
Emma toýa diýip baryp, taksiden düşüp-düşmän urşuň üstünden bardym. Edil köçäniň üstünde, toý
bagşylary üçin bezelen teležkanyň taýagatym arkasynda iki sany daýaw ýigit gyzyl ýumruga girip,
bir-birini gaýgyrman urýardy. Toý märekesi bolsa, bagşyny-beýlekini taşlap, olaryň daşyna egrilip,
it urşuna tomaşa eden ýaly, iki jahylyň bir-birini ýepbekleýşine keýp bilen tomaşa edýärdi.
Onýança bir ýerden toý eýesi, kursdaşym Ýakup ylgap geldi: “Adamlar, beýtmäň-ä, aralaň-a bulary,
bir-birini öldürjeg-ä!..”
Emma oňa diýýämisiň diýen bolmady. Men durup bilmän: “Oglanlar, toý ýerinde bolşuňyz nähili,
bes ediň!” – diýip, atylyp ara girjek boldum. Emma maňlaýyma degen ýumruk toý balakly syrtymy
gumly köçä pylçap urmaga mejbur etdi.
Guma bulaşyp ýatan ýerimden, tomaşaçylaryň gykylygynyň arasynda uruşýanlaryň biriniň
“Hormatly atamyza dil ýetirerçe kim bolupsyň? Ejeňi s…” diýip sögünýäni gulagyma ildi. Onuň
garşysyndaky hem kem oturmady: “Men seň ejeňi s… Ýok, sekiz ýyldan soňam şo harama
“Hormatly atam” diýýän bolsaň, seň ejeňi Türkmenbaşy s… bolmaly!..”
Men girmesiz ýere girjek bolanyma düşünip, emedekläp yza çekildim.
Ýakubyň şol elewräp durşudy. Meniň düşen ýagdaýymdan soň, onuň uruşýan myhmanlaryny
aralajak görünmeýärdi. Men ýerimden galyp, üst-başymy kakyşdyrdym-da, toý eýesiniň ýanyna
bardym. Ol meni gujaklap, çyny bilen ötünç sorady.
“Darykma, ýaş oglanlaryň arasynda bolýan zatdyr” – diýip, men oňa göwünlik berjek boldum.
“Ýakup mollumyň toýunda Türkmenbaşy-Arkadag urşy turdy diýip, agentler eýýäm ümsüm edara
jaň edendirler, ertir işden kowulmasam ýagşy” – diýip, kursdaşym aladaly pyşyrdady.
Men näme diýjegimi bilmän, töweregime garanjakladym. Ýetip gelýän taksä, sürüjiniň gapdalynda
ýylgyryp oturan balkanly kursdaşym Batyra gözüm düşdi.
“Batyr geldi, şu bir çäresini tapar” diýip, men Ýakubyň gulagyna pyşyrdadym-da, bäş ädimlikde
saklanan taksä tarap ylgadym.
Batyr ýagdaýa iki sözde düşündi-de, “Obamyzda itler urşanda, aýyrjak bolsalar üstüne suw
sepýärdiler, maňa bir bedre suw tap” diýdi. Men işikdäki howzuň ýanyna ylgap, derrew bir bedre
suw getirdim. Şol bir bedre suwam jahyllaryň gyzgynyny ýatyrdy…
Ýakup bizi kursdaşlary üçin taýýarlan otagyna, beýleki oglan-gyzlaryň iýip-içip oturan giň
saçagynyň başyna eltip, şol ýerden çykmazlygy haýyş etdi. Dogrusy, toýa gelip-gelmän iýen
ýumrugymdan soň, men ol ýerden çyk diýlende hem çykjak däldim.
Ertesi hoşlaşyp gaýtjak bolamyzda Ýakup şeýle diýdi: “Beýle masgaraçylyga garaşmandym… Meň
toýumda oglumyň klaşdaşlary iki bölündi. Bir tarap Arkadaga sögýär, Türkmenbaşyny öwýär,
beýleki tarap olar bir-biriniň dowamy diýýär…”
“Haýsy tarap köplük?” – Men dilime gelen soragy bermän durup bilmedim.
“Arkadaga sögýänler köplük, onuň töwereginiň ogrusy has kän diýýärler. Beýleki tarap azlyk…”
“Dollar bilen benziniň gymmatlamagy täsir edýändir” – diýip, Batyr duýgudaşlyk bildirdi.
“Hawa, Arkadaga esasan şoň üçin sögýärler. ‘Türkmenbaşy garaşsyzlyk alyp berdi, bitaraplyk alyp
berdi, bir köşk saldyryp çäklendi, bu bolsa milliardlap dollary biderek gurluşyklara berip, ýurdy
batyrdy’ diýýärler. Beýleki tarap bolsa, ‘Türkmenbaşy hiç zat alyp bermedi, halky neşä hem
parahorluga çümdürdi, Arkadagam şonuň dowamy’ diýýär…
Uzakly gijäni kursdaşlar bilen gümür-ýamyr edip geçiremsoň, otla münüp, ýerime geçen badyma
uklapdyryn. Näçe wagt geçenini bilemok, küpedäki çaga seslerine oýandym.
Garşymda oturan 13-14 ýaşlaryndaky oglanjyk 6-7 we 4-5 ýaşlaryndaky jigileri bilen dawalaşýardy.
Men gözümi çala açyp, edil garşymda oýnalýan oýna biygtyýar tomaşa etdim.
“Ýene bolmady, täzeden gaýtalalyň. Men Hormatly Prezident, seni täze wezipä belleýän (ol 6-7
ýaşly jigisine ýüzlendi): ‘Täze wezipede nähili işlejegiňiz barada bize aýdyp beriň!’”
“Hormatly Prezidentimiz! Şu gün maňa uly jogapkär wezipä bellediňiz. Siziň janyňyz sag bolsun,
görjegiňiz gowy bolsun, mertebäňiz belent bolsun!” – Wezipä bellenen oglanjyk ‘nätdim?’ diýen
äheňde onuň ýüzüne jiňkerdi. Hormatly Prezident kanagatlandy öýdýän, “Size-de täze işiňizde
üstünlik arzuw edýärin” diýdi.
Soň ol iň kiçi jigisine ýüzlendi: “Sizem münbere geçiň-de, täze wezipede nähili işlejegiňizi aýdyp
beriň!”
Kiçijik oglan ör turup, münbere geçenden bolup, ýat tutan sözlerine başlady:
“Hormatly Prezidentimiz, siz maňa uly jogapkärli wezipäni ynandyňyz şu gün. Bu ynamyňyz üçin
tüýs ýürekden sag bolsun aýtmaga rugsat ediň. Siziň… Siziň ynamyňyzy ödemek üçin ähli ulypbaşarnygymy, tejribämi ulanyp, gijämi gündiz edip, ak ýürekden zähmet çekjekdigime sizi
ynandyrmaga rugsat ediň, Hormatly Prezidentimiz. Siziň janyňyz sag, ömrüňiz uzak bolsun! Il
bähbitli alyp barýan tutumly işleriňiz rowaç alsyn! Sag boluň, Hormatly Prezidentimiz!”
Men çaganyň jedirdäp aýdan sözlerine çalaja ýylgyrdym. Emma “Hormatly Prezidentiň” roluny
oýnaýan uly dogan ýylgyrman: “Size-de täze işiňizde üstünlik arzuw edýäris” diýdi.
Oýna, kakalary bolarly, kyrk ýaşlaryndaky intelligent adam goşuldy: “nätdi, indi boldumy?
Kemçilik ýokmy?”
Oglanlaryň ulujasy “boldy, indi kemçilik ýok” diýen manyda baş atdy.
Oglanlaryň kakasy maňa ýüzlendi: “Agam, siz bitarap tomaşaçy, nähili boldy?”
Men ýaýdandym.
“Hakykaty aýdyň, ýüz görmäň!” – Küpedeşim meniň ikirjiňlenýänimi görüp, ýene bir gezek haýyş
etdi.
“Birinjide ‘maňa uly jogapkär wezipä bellediňiz’ diýýär, ‘meni’ bolmaly. Ikinji-de hem bir ýerinde
sakyndy…”
Oglanlaryň kakasy uly ogluna baş atdy.
“Bilýän, emma Ministrler kabinetiniň mejlisinde, orunbasarlykdan ministrlige geçirilýänler hemişe
şeýle gürleýärler” diýip, uly ogul ynamly gepledi.
Oglanlaryň kakasy ýylgyrdy:
“Dogry aýdýar, men ýigrimi ýyl bäri synlaýan, täze wezipä bellenýänler prezidente ‘nähili
işlejeklerini’ düşündirenlerinde hökman ýalňyşýarlar ýa-da ýalňyşan, sakawlan bolýarlar. Bu
Hormatly Prezidentiň öňünde, oňa bolan çuňňur hormatdan aljyramagyň alamaty, ýa-da olar şeýdip,
Hormatlydan gorkýandyklaryny görkezjek bolýarlar. Sebäbi Hormatly özünden gorkýanlary gowy
görýär, ösdürýär we uzak saklaýar diýýärler. Ýa-da olar öňki orunbasarlaryň ministr bolup, nä güne
düşenini bilensoňlar, hakykatdanam aljyraýarlar…”
Men küpedeşimiň ýüzüne ilkinji gezek gönüläp seretdim. Ol ýene ýylgyrdy: “Gülki-laý bu zatlar,
ýöne gülkem bolsa çyn, biziň ol çyna uýgunlaşmakdan başga alajymyz ýok…” Soň ol ogullaryna
ýüzlendi: “Eý, başga oýun oýnaň indi!”
Uly ogul täze rollary paýlamaga başlady. Onuň özi polisiýa ofiseri boldy, 6-7 ýaşly oglana sürüjilik,
körpejä bolsa üstünden maşyn geçen pyýadanyň roly ýetdi. Ol derrew özüni pola taşlady-da, serlip
ýatdy.
“Eý, haýwan, bu çagany nädäýdiň?” – diýip, ofiser sürüjä ýüzlendi.
“Aý, agam, özi maşynyň aşagyna girdi-dä, men näme edeýin?”
“Oh-ow, bu pyýada geçelgede ýatyr-a, sen durmalydyň ahyryn!”
“Agam, düşünişeli!? Gaýrat et-de gözüňi ýum, gadyryňy bilerin…”
“Maşyn däl, eşek münmeli sen, haýwanyň biri diýse! Gözüňi türmede açdyryn seň!”
“Beýtme, meni türmä ibereniň bilen, ölen direlip gelmez, üç sany garagöz çagam bar. Türmeden
çykmak üçin öýümi, maşynymy satmaly bolaryn, bergä bataryn. Gaýrat et, gözüňi ýum, agam!”
“Ýeri bolýar, ýöne gözümi ýumanym üçin näçe berjek?..”
Oglanlaryň kakasy güldi-de, meniň ýüzüme seredip, “Gül agam, gülkä gülmeseň, göwni galar”
diýdi.
Bikanun düýş (20.01.2015)
Bu bir düýş. Bilmedim nämesinden, adam pahyr düýşüni gürrüň berýär. Menem ony aýalyma
gürrüň berdim. Aýalym güldi-de: “munyň bikanun düýş, menden başga hiç kime gürrüň berme”
diýdi.
Dogrusy, men internetde bikanun hasaplanýan, ýagny “bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyz” ýada “Gahryman Arkadag” barada ýakymsyz pikir döredýän maglumatlara “bikanun” diýilýändigini
eşidipdim. Aýalym indi şeýle “bikanun maglumatlara” garşy jemgyýetçilik birleşikleriniň kömekýardamy bilen berk göreşiljekdigini hem aýdypdy. Emma düýşümiň bikanun boljagyny ilkinji gezek
eşidýärdim.
Her niçigem bolsa, men bu düýşimi internetde ýaýratmak kararyna geldim.
Düýşümde men garryja adam, eli hasalyja goja bolup, entejik aýak üstündekäm ýaşlyk ýyllarymyň
geçen ýerlerine aýlanmakçy bolýaryn. Emma okan uniwersitetimiň ýanyna barjak bolsamam, Ikinji
Jahan urşunda wepat bolanlaryň hormatyna ýakylan Baky oda baş egjek bolsamam, Beýik
Magtymgulynyň heýkeline zyýarat etjek bolsamam, oglanlar bilen kän arpa suwuny içen ýerime –
Birinji parka, ejem pahyra özbek kişmişi bilen ýumşajyk bulka satyn alan ýerlerime – Ors hem Teke
bazarlaryna, ozalky Oba hojalyk institutynyň ýanyndaky Kupalka barjak bolsamam, hatda Köşiniň
baýyrlarynda jaýlanan professorlarymyň mazarlaryna zyýarat edip, olara beren sapaklary üçin ýene
bir gezek sagbol aýtjak bolsamam bolanok, öňümi gara dag alýar.
“Bu dag ozal ýokdy-la” diýýärin. Onuň nireden we nädip peýda bolanyny sorajak bolup, çöňňelen
gözlerimi çerreldip, äýnejigimi dakynyp-aýryp, töwerekden adam gözleýärin.
Ahyry bir adam göründi. Özem maňa tarap gelýän ýaly. Men güýjümi aýaýyn, bu dagyň daşyndan
aýlanyp, barjak ýerlerimiň hemmesine aýlanjak bolsam, kuwwatym ýetmez diýip, garaşmagy makul
bildim.
Ol adam golaýyma gelip, maňa adymy tutup salam berdi. Emma men ony tanap bilmedim. Ol güldi:
“Eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy, men siziň işleýän ýeriňize baryp, mukaddes “Ruhnamadan”
leksiýa beripdim. Şonda siziň ýatkeşligiňize haýran galypdym.”
“Ýaş gitdi, huş gitdi” diýipdirler, aýyplaşma” diýdim. Ol ýene güldi: “Gijäniň bimahal çagy bu
ýerlerde näme işläp ýörsüň?” diýdi. Men oňa ýaşlykda kaňkan ýerlerime ýene bir gezek aýlanmak
hyýalymy, emma gara dagyň ýolumy baglanyny gürrüň berdim. “Bu dag nireden geldi, ozal beýle
zat ýokdy-la? diýdim. Ol ýene güldi: “Arkadag dagy” diýerler muňa, seret, dik depesindäki ak
atlyny görýäňmi?”
Men äýnejigimi dakynyp, onuň eli bilen görkezen ýerine çiňerilip seretdim. Dogrudanam, dagyň
çür başynda ak at salgymlap görünýärdi.
“Ol atyň üstünde boýdan başyna ak geýnen, başy ak telpekli Arkadag otyr…”
“Egninde akja kepderem barmy?” diýip, men kelläme gelen soragyň dilimden sypanyny duýman
galdym.
Ol adam ýene güldi: “Hawa, bar, o bolmasa bolarmy?..
“Saragt
halypaň
ýasan
heýkelidir
onda”
diýip,
men
ýene
söz
goşdum.
“Hawa, ýöne dagyň käbir görnükli ýerlerinde Gözel enäniň Arkadag hakyndaky odalaryndan alnan
altyna gaplaýmaly setirler hem oýulyp ýazylan…” Ol adam ýene güldi.
Men onuň bu günler näme iş edýändigini soradym. Ol gülüp: “Indi mukaddes “Ruhnamanyň” ýerini
beýik “Arkadag dagy” aldy, şondan leksiýa berýän” diýdi.
“Oňňaly bolsa, maňa gysgaça düşündirip bilmezmiň, bu dagyň beýikligi nämede?”
Ol adam ak köýnegiň üstünden geýen gara penjeginiň ýakasyny, gijäniň garaňkysynda hem
lowurdap duran zerli galstugyny düzedip, çynlakaý keşbe girdi: “Arkdag dagynyň beýikligimi? Ol
bu dagy öz paýhasyndan, ýöne daşynda jebisleşen agzybir halkyň tagallasy bilen gurdy. Ony ulus il
goldady, ýaşuly-ýaşkiçi, hemmeler, çäre üstüne çäre geçirip, arkasynda berk durdylar. Iki-ýeke
bozgak tapylyp, bu dagy “Arkadagyň Paradagy” diýip hem atlandyrjak boldular. Nämemiş, ‘biziň
ýurdumyz dünýäniň korrupsiýa sanawynda iň erbet ýerlerdemiş-pylan… Kazyýet-polis-gümrük
boýdan-başa para ýatanmyş… Çagalar bagyndan başlap, iň ýokary döwlet edaralaryna çenli para
bilen işleýämiş-beýleki, “kireýsiz kilim kakýan ýok”, bazar ykdysady diýlende hem beýle bolmaly
däl, milletiň togsan göterimi gedaý galdy’ diýjek boldular. Emma Arkadag bu zatlara baş
galdyrmady.”
“Bä, beýle zatlar aýdylýan bolsa, dissident-beýlekem bolupdyr-da onda biziň ýurdumyzda?”
“Ýok, biziň ýurdumyzda olara “dissident” däl, “däli” diýilýär. Arkadag döwründe taýýarlanan
sözlükde hem ol şeýle alyndy.
“Wä, onda olary, Annasoltan pahyr ýaly, dälihanada ölmeli etdilermi?”
“Ýok, olar Arkadag dagynyň astynda galdy… Siňe seretseň, gulagyňy ýaplap, içini diňleseň, bu
dagyň özi hemme zady gürrüň berer. Seret, dagyň köp ýerinde adam kellesine çalymdaş şekiller
bardyr, olaryň ýüzüne siňe seretseň, bu dagyň dikelmegi üçin jan çeken raýatlary ýeke-ýeke
tanabam bolýar…” Ol adam ýene güldi, ýöne özüniň häzir mugt leksiýa bermäge wagtynyň
ýokdugyny, irden Medeniýet uniwersitetinde sapagynyň bardygyny aýdyp, ýoluna gitdi.
Men daga golaý baryp, onuň kelle-kelle bolup görünýän gyýçak diwarlaryna siňe seretdim.
Dogrudanam, ol ýerlerde soňky ýyllarda hökümetden orden-medal, sylag alan, çärelerde has
aktiwlik görkezen tanyş-bilişlerimiň ýüz keşbine çalymdaşlyk gaty kändi.
Şol wagtam aşakdan bir iňňildi gelen ýaly boldy. Eglip seretsem, dagyň düýbinde kellä çalymdaş
bir daşyň agyz ýeri gymyldaýan ýaly. Men aşak oturyp, ol daşy elim bilen sypaladym welin, elime
öl degen ýaly boldy.
“Men dissidentem däl, dälem, watansöýer” diýip, elimiň aşagyndaky daş-kelle pyşyrdady. “Ýaňky
gülek professoryň sözüne ynanma, Paradagyny tutuş halk bileleşip gurmady, emma garşy duranlary
dagyň aşagyna basdylar. “Basmaçy, baý-kulak” diýip, bir basdylar, “halk duşmany” diýip iki…
Ýene iki ýyldan Moskwa propagandasy 100 ýaşaýar… Bu Arkadagyň akyly çatjak zat däl, ol diňe
zynjyryň bir halkasy…”
Men oturan ýerimiň hem öljerip barýanyny duýup, ýerimden galjak boldum.
“Otur, ol öl meň gözýaşym, Arkadagyň Paradagyna düşek bolanymyň üstesine, ulus ile töhmet
atylyşyny eşitsem, gözümiň ýaşyny saklap bilemok…”
Şol wagtam hälki gülek professor yzyna dolanyp geldi: “Agam, bir zat ýatdan çykypdyr,
‘Arkadagyň Paradagy’ beýleki diýýänlerem bardyr, şolar ýala duşsaň, ýörite gulluklara habar
bermelidir, soň aýtmady diýme.”
Elimiň aşagyndaky kelläniň horkuldap aglap başlanyny eşidip, men onuň agzyna aýamy basdym.
Ýöne gülek professoryň eýýäm gidenini görüp, aýamy aýyrdym.
“Bagyşla, gülek professor eşitmesin diýip etdim” diýip, men daş-kelleden ötünç soradym.
“Bilýän, ýöne bu gürrüňleri diňläsi gelmeýän ruhnama neslinden bolsaň, göni aýt, olar iki
sözlemden artyk okap bilmeýän, üç sözlemden artyk pikire sabyr-kanagaty ýetmeýän adamlar.
Arkadagam şolardan. Olar öň sowet propagandasy, soň “Ruhnama” bilen saňsar edilen adamlar.
Olar diňe ýalan sözlemelidir, para berip we para alyp ýaşamalydyr öýdýärler… Şu Paradagy
döretmekde esasy kömek edenem şol adamlar, olar göhert düýe bolup, gowy adamlaryň üstüne
çökdüler. Köp adam ýurtdan gaçdy. Şindem başaran gaçýar ýa çagasyny gaçyrýar. Milleti
dargatdylar, çüpretdiler…”
“Ýok, men olardan däl” diýdim. Emma şobada agtyklary çagalar bagyna ýerleşdirmek üçin para
berenim, obadan gelen inimi uniwersitete ýerleşdirmek üçin bar-ýogumy eçilenim… ýadyma düşdi.
“Ýadymda, parahorluk 70-nji ýyllarda möwç alyp başlapdy, gowy okuwa girjek bolsaň, köp para
bermelidi…”
“Ýok, parahorluk 30-njy ýyllarda, orta daýhanlaryň ýerini, malyny alyp, kolhoz guranlarynda möwç
alyp başlady. Puly bolanlar 41-nji ýylda uruşdan galyp, urşa gidenleriň owadanrak gyzy, aýaly
bolsa, gapanyna düşürjek bolup, nämeler etmedi?”
“Hawa, bu barada kitaplarda-da ýazylypdy…”
O kitaplarda ýarym hakykat ýazylypdy” diýip, daş-kelle gaharly pyşyrdady. “Ýarym hakykat
adamlara gowulyk getirmeýär, ol propagandany ynandyryjylykly edýär. Diýmek, ýarym hakykat
ýalana gulluk edýär. Doly hakykat partiýanyň syýasatynyň çüýrükligidi! Ol çüýrükligi ‘iki-ýeke
spekulýant bar’ diýip aklýardylar. Soň baş ogry prezident boldy, emma diňe häkimler, ministrler
garalandy. Bu şu wagtam dowam edýär…”
Men golaýlap gelýän aýak seslerini eşidip, başymy galdyrym.
“Gaçjak bolma, gybatyňyz ýazgy edildi” diýip, golaýlap gelýän adamlaryň biri eşidiler ýaly edip
gygyrdy.
“Işim gaýtdy” diýip, daş-kelle uludan dem alan ýaly boldy. Men ýerimden turup, beýleräge
çekildim.
Ýetip gelenleriň iň keltejigi ýolbaşçy eken, ol gaharly: “Ýaşulyny aýryň” diýdi. Buýruga mähetdel,
meni ezenegimden tutup, beýleräge süýrediler. Soň ýantorbalaryndan çekiç çykaryp, daş-kelläni
tike-tike bolýança çekiçlediler.
Men “indi näme bolarka?” diýip, gözümi ýumup garaşdym. Ahyry olar işlerini gutaryp, meniň
ýanyma geldiler.
“Dökümendiň barmy, ýaşulişka?”
Men jübimi sermäp, mydama ýanyma göterýän pasportymy soran adamyň eline berdim. Ol adymy,
pamiliýamy görüp, ýanyndakylara “kompýuterde barmy, ozal gybat üçin duýduryş alypdyrmy,
barlaň” diýip, görkezme berdi. Hernä, bellige düşmän ekenim. Şu sebäpden maňa, birinji
gezeklikçe, “otly syýahatyny” ýazmak bilen çäkleneli diýdiler.
Otly syýahaty, men ýaly, birinji gezek gybata goşulanlara we daşary ýurtdan gelenlere berilýän
eken. Emma daşary ýurtdan gelenler has rahat otluda syýahat edýän ekenler. Men ilki ýalňyşyp,
daşary ýurtlularyň otlusyna mündüm. Daşary ýurtdan gelen myhmanlar Arkadagyň ak atyň
üstündäki heýkeliniň suwenirini, sowadyja ýelmelýän suwenirjigini we döşe dakylýan nyşanyny
hem satyn alypdyrlar. Aýallaryň käbiri bolsa, Arkadag suratly torbalary hem satyn alypdyrlar…
Ýöne gözegçiler meni derrew tanadylar-da, özüm ýalylaryň otlusyna mündürdiler.
Otly Arkadag dagynyň daşyndan aýlanýan eken. Birinji stansiýada çagalar “Arkadag” aýdymyny
aýdýardylar, ikinjide şahyrlar goşgy okaýardylar, üçünjide gyzlar tans edýärdi, dördünjide alymlar
ylmy konferensiýa geçirýärdi…
Arman men düýşümiň şu ýerinde oýandym.
Akçylaryň gara oýny (06.02.2015)
Dogrymy aýtjak, 2014-njiden 2015-nji ýyla geçip, bir aýda aňkam aşdy. Näme üçin diýseň, ilki
dollaryň, soň benziniň gymmatlanyny eşidip, ilki gulagyma, soň gözlerimiň görýän zatlaryna
ynanyp bilmedim.
“Ah-ow, biz bagtyýar eýýamda, berkarar döwletde ýaşaýardyg-a?” – diýip, aýalymdan soraýynam
diýdim, emma güler öýdüp gorkdum. Sebäbi ol meniň telewideniýede ýurtda edilýän beýik işler
barada aýdylýan sözleri aňalyp diňleýşime ozalam gülüp ýördi.
Onsoň adam üçindigini aýdýan döwletimden her näçe nägile, öýkeli bolsamam, aýalymyň ýanynda
bildirmejek boldum, hüňürdesemem özbaşyma, adam ýokka hüňürdedim.
“Ýeri, dollar düşnükli diýeli, bizde önenok, Amerikada ýasalýar, üstesine, baýlara, biznesmenlere
gerekli zat, ony gymmatladyp bilerler. Emma benzini beýle gymmatlatmak bolmaz-a, ol özümizde
önýär-ä, biz bir nebit-gazly, az ilatly ýurd-a?” diýip, pikir etmejek bolsamam pikir etdim, kelle
döwdüm, oýlandym, emma bolýan zatlardan, birje aý içinde bolan agdar-düňderlikden hiç baş
çykaryp bilmedim.
Pikir edenim owarram diýsem, täze ýyldan soň iki hepde geçip-geçmän, benzin atly, men pyýada
bolup başladym. Sebäbi öňküje alýan benzinimi almak üçin öňküje sowýan pulumdam has kän pul
gerekdi, aýalymyň, agtyklarymyň bolsa, maşynly gitjek ýeri, bazardan pul berip almaly zatlary
köpelmese, azalanokdy.
Diňe men däl, ähli kişi dowla düşdi, adamlar gün-günden aýagy bişen ýaly boldular, dollar satylýan
ýerlerde uzyn nobatlar döredi.
Bu-da owarram diýsem, “gara maşynlary tehniki gözegçilikden geçirjek dälmişler, şäherde sürmesiz
etjekmişler” diýen ýene bir şumluk tapyldy. Betbagtlygmy görä, maşynjygym garady.
Men ýene başga çykalga tapman, TDH-ny, Türkmen döwlet habarlar gullugynyň habarlaryny ünsli
diňläp başladym, prezidentiň aýdan sözlerini sypdyrmadym.
Bir görseň, onuň aýdýan sözlerinde çuň many bardy, ýagny ol dünýä bazarlarynda nebit-gazyň
bahasynyň aşak gaçýandygyny, bu ýagdaýyň dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolup
duran türkmen ykdysadyýetine hem göni täsir ýetirýändigini aýdýardy. Şu sepäpden men onuň
manadyň hümmetini aşakladyp, benzini, beýleki harytlary gymmatlatmasyny bagyşladym ýa-da
bagyşlamaga taýyn boldum.
“Nätsin, görgüli Arkadag, gije-gündiz diýmän halky üçin arhitektorlyk etdi, köşk gurdy, stadion
gurýar gelenler haýran galar ýaly, emma ahyrynda global problemalar eýgertmedi” diýdim.
Aýalym, dogry, ýene maňa güldi. Aýal adam, jedelleşibem bolanok, üstesine alan bilimem hasaphesibe degişli, meniňki ýaly taryh-maryh däl…
“Seret, seret, bulaň akmakdyny!” – diýip, ol anna güni agşam telewizor görüp otyrkak jakgyldap
güldi. Men näme bolanyna düşünmedim. Prezident pahyr, mejlis geçirip, halk aladasyny gerdenine
alyp, milli ykdysadyýeti halas etmek üçin görülmeli zerur çäreler barada tabşyryk berýärdi. Aýalym
meniň düşünmeýändigimi görüp, gaharlanjak boldy:
“Sen, ýokary bilimli adam, sered-ä, prezident dünýädäki nebit-gaz gymmatlamasy biziň
ykdysadyýetimizie täsir etdi diýýär, orunbasary bolsa ykdysadyýetimiz geçen ýylyň degişli
döwrüne garanda pylança prosent ösdi diýýär. Eger ösen bolsa, bu masgaraçylygyňyz näme?
Hökümet bolan bolup otyrlar, bir-biriniň diýýän zadyna düşünenoklar…”
Men gözümi tegeledim oturdym. Näme diýeýin, prezident düşünmese, wise-premýer düşünmese,
ýurtda on müňläp okadylan, ýokary bilim berlen ykdysatçylar düşünmese ýa sesini çykarmasa, men
näme diýip bilerin.
Aýalym irden berk tabşyryk berdi: elde bar-ýogumyzy dollara çalşaly, ýogsa gedaý galarys. Aýalyň
aýtsa, sorag berip bolýarmy, irden nobata durmaga gitdim. Barsam, maşyn goýulýan ýerde polisiýa
işgäri dur.
“Agam, maşynjygyňam-a gara eken” diýip, ýylgyrýar.
“Bolanda näme? Maşynyň reňki bilen näme işiň bar?” – diýip, men gaharlanjak boldum. Emma ol
gorkanymy bildi.
“Häzirlikçe zat diýmeris, emma birki aýdan içki geýim-eşikleriňize çenli ak geýmeli bolarsyňyz,
geýmänem görüň” diýdi.
“Adamlaryň maşynynyň reňkinden, içki eşiginden başga işiňizi gutardyňyzmy?”
“Bize diýme, balagyňyzy çykardyp, türsügiňizi barlajak milli howpsuzlyk ofiserlerine aýt ony!” –
diýip, polisiýa işgäri arkan gaýşyp güldi. “Bu jogapkärli işi bize däl, şolara ynanjaklarmyş…”
Men bu gepe ynanmadym. Emma dollar çalşyp gelip, gülümsiräp aýalyma aýtdym welin, ol
ynandy: “Gülen bolma, akçylar reallykdan ünsi sowmak üçin her zat eder” diýdi.
Gymmat düşen negatiw düýş (16.03.2015)
Soňky döwürde düýş görmän, gara basman, guzy ýaly myrlap ýatyp, her gün irden çaga ýaly
ýylgyryp oýanmam bardy. Emma mitingler we demonstrasiýalar hakynda kanun çap edileninden
soň her gije diýen ýaly düýş görmäge başladym.
Dogrusy, başda düýşlerim erbedem däldi. Olaryň birinde ir sagat 7-den agşam sagat 10-a çenli
aralykda Prezident köşgünden 200 metr uzaklykda, ýeke adamyň protestine çykýaryn. Arkamda,
döşümde “Arkadag ogrybaşy, ýurdy gurluşyk bilen batyrdy!” diýen ýazgy bar.
Durun. Ýanyma gelýän, “Edýäniň näme?” diýýän ýok.
“Beh, kanun dogrudanam işleýär-ow, indi bizde-de kanun esasynda bir zatlar edip boljag-ow” diýip,
umytly pikir edýärin. Emma içimde bükgüldi bar: “Öýe gaýdyşyn, ýolda güpbasdy edip, KGB-äň
podwalyna salyp, it ýenjen ýaly ýençseler gerek…”
Emma gaýdyşyn hem ýanyma gelen bolmady. Men bu ýagdaýdan ruhlanyp, ertesem ýeke adamlyk
proteste çykdym. Bu gezek Ministrler kabinetiniň täze binasynyň 200 metrliginde durdum.
Arkamda ýene şol ýazgy. Emma indi ýazgylary daşdan hem görner ýaly edip, uly we gara harplar
bilen ýazdym. Ýene towugyma tok diýen bolmady. Emma meni goldan ýa duýgudaşlyk bildiren
hem tapylmady. “Adamlar täze kanuny bilenoklar öýdän, aý, bizde kanun okaýan barmy?” diýip,
içimden hüňürdedim.
Bir gün arakesme alyp, ýene proteste çykdym. Bu gezek Daşary işler ministrliginiň ofisiniň 200
metrliginde durdum. Arkamda, döşümde bolsa “Mitingler, demonstrasiýalar kanunyny okaň, ol
biziň gurluşyk ogurlygyna garşy çykmak hukuklarymyzy kepillendirýär” diýen ýazgy bardy. Ýene
ýanyma gelen bolmady. “Bolýar, gelmäň, goldamaň, emma tutup, dälihana ýa KGB-ä salmasaňyz
bolýar” diýip, içimden heşelle kakdym. Emma ir begenen ekenim.
Ertesi Mejlisiň binasynyň 200 metr uzaklygynda durdum. Arkamda “Aşgabada çyrşalan ak
mermerlere berlen puly obalara arassa suw çekmäge beren bolsalar, köp çaga halas bolardy, mermer
gowumy ýa çagalaryň saglygy?” diýip ýazdym.
Ýene zat diýen bolmady. Emma öýe gelip, agşam täzelikleri diňlejek bolsam, TW-de meniň bir
adamlyk protest geçiren ýerlerimde guralan köpçülikleýin demonstrasiýalary göni efirde alyp
görkezip durlar. Prezident köşgüniň ýanynda ak sakgally, dürli welaýatlardan getirilen ýaşulular
miting geçirse, Ministrler kabinetiniň ýanynda intelligetsiýa wekilleri, ýazyjylar, artistler miting
geçirip, Arkadaga alkyş aýdýar. Daşary işler ministrliginiň ýanynda bolsa, studentler, ak keteni
köýnek geýen gyzlar bilen gara balakly oglanlar Arkadaga “ýokary bilim almak üçin döreden
ajaýyp mümkinçiligi” üçin alkyş aýdýarlar.
Men adalatsyzlykdan zeýrenjek bolup, aýalymy gözledim, emma öýde ne aýalym, ne başga biri
tapyldy. Onsoň ýene öz-özüme hüňürdedim: “Metbugat kanuny işlänok… Mitingler kanunynyň bir
özüniň işlemeginden peýda ýok…”
Ertesi mejlisiň binasynyň ýanyna proteste çykdym. Arkamda we döşümde şeýle ýazgy bardy:
“Metbugat kanyny Mitingler kanuny bilen deň işlemeli, biri işläp, beýlekisi işlemese, ne adalat
bolar, ne demokratiýa!”
Agşam 10-da öýe gelsem, TW-de ýurduň at-derejeli žurnalistleriniň, ýazyjylarynyň gatnaşmagynda
söhbetdeşlik görkezilip dur. Gepleşige çagyrylan adamlar gezek-gezegine, käte bir-birleriniň sözüni
bölüp, Arkadagyň gol çeken Metbugat kanunynyň dünýä üçin nusga alarlyk kanundygy, bizde söz,
metbugat azatlygy üçin ähli şertleriň döredilendigi, senzura düýpden ýol berilmeýändigi hakynda
joşup-şoşup gürrüň edýärler.
Ýene saçlarymy penjeläp, agyryma çydaman iňledim. Ýöne bu iňňildi aýalymyň gaharly
hüňürdisiniň aşagynda “syrtyny gysmaly” boldy. Men ýalpa gözümi açdym.
“Ýene düýş gördüňmi?” – Aýalym gaharly sorady.
“Hawa, ýeke adamlyk proteste çykýamyşym, zat diýenokmyşlar…”
“Besdir, men ýatjak” diýip, aýalym aňrysyna öwrüldi.
Ertesi ir sagat 10-larda, gapynyň jaňynyň sesine oýandym. Gapyny açsam, obadaky ýegenim
Alymerdan gelipdir. “Ahyry düýşümi gürrüň berer ýaly adam tapyldy” diýip, içimden begendim.
Alymerdan elindäki kagyz paketi iç işikde goýup, iki elini uzadyp, edepli salamlaşyp, melleginde
biten käşirden palawlyk getirendigini, hemem bir kiçijik haýyşynyň bardygyny aýtdy.
Men “kiçijik haýyş” diýlen sözi eşidip, gözümi tegelänimi duýman galdym. Sebäbi garyndaşlar
“kiçijik haýyş” diýip, hemişe karz pul dileýärdiler.
Alymerdan çaý başynda 2016-njy ýylda obalarynda 150 orunlyk çagalar bagynyň guruljagyny, gyzy
Äşäni şol çagalar bagyna terbiýeçi edip işe ýerleşdirmek isleýndigini gürrüň berdi.
Men onuň bu niýetini oňladym, emma indiki ýyl guruljak çagalar bagyndaky terbiýeçilik üçin şu
wagtdan para bermek, ýagny Äşäniň geljekki işine alaja dakyp goýmak pikirini welin oňlamadym.
Sebäbi bu alaja diňe Alymerdana däl, maňa-da gymmat düşjekdi, ol menden azyndan $300
soraýardy.
“Ýegen, ynhajykka Mitingler kanuny çap edildi, indiki ýyla çenli nä pelek, bu parahorluk dowam
etmez, biri dur diýmeli bolar, etme şul işi” diýip, oňa düýşümde mitinge çykyşymy gürrüň bermäge
başladym. Alymerdan menden pul bolmajagyny bilip, sowuk-sala hoşlaşyp, gitmek bilen boldy.
“Wäh, ýegeniň göwnüne degdim-ow” diýip, gynanyp otyrkam ýene gapy kakyldy. Açsam, işikde
bir daýaw pyýada dur. Ol meniň adymy tutup, salam berdi. Men salam aldym-da: “Inim,
tanamadym-la?” diýdim.
“Häzir tanarsyň…” Ol jübüsinden Milli howpsuzlyk ministrliginiň şahadatnamasyny çykaryp,
gözümiň öňüne tutdy. Men gapynyň agzyndan yza çekilip, oňa içeri girmegi mürehet etdim.
“Ýaňyja habar geldi, siz ýegeniňiz Alymerdan bilen häkimiýetlere garşy mitinge çykmak barada
gürrüň edipsiňiz…” Milli howpsuzlyk ofiseri aýakgaby bilen töre geçip barşyna ýuwaşjadan söze
başlady.
“Ýalan, men oňa diňe Mitingler kanuny çykandan soň gören düýşümi gürrüň berdim…”
Ofiser jübüsinden telefonyny çykaryp, özüne iberilen hatlaryň birini açdy: “Taksisleriň arasynda
işleýän agentimiziň beren maglumatyna görä, siz täze kanun barada negatiw düýş görüp, onam
obadan gelen sada adamyň ýanynda gürrüň edip, bagtyýarlyk eýýamymyza şek ýetirjek
bolupsyňyz…”
MHM-niň nähili işleýänini bilemsoň, gürrüňiň syrygýan ugruny aňyp, wagtynda öňüni
böwetlemegiň aladasyny etdim.
“Inim, men bir ýaşuly adam, düýşüňi gürrüň berdiň diýip, podwala süýräp ýörjekmi indi?”
“Podwala süýremek barada gürrüň gidenok, agam! Emma siz ýaşlara watançylyk terbiýesini
bermeli halyňyza, obadan gelen sada adamy ýoldan çykarjak bolsaňyz, biz muňa ýol berip
bilmeris.”
“Bolýa, men indi negatiw düýş görmezlige, gören düýşümi hem gürrüň bermezlige Hormatly
Prezidentimiziň “Döwlet guşy” kitabyndan ant içýän… Boldumy indi, gürrüňi gutaryp bilerismi?”
“Ýok, meniň başga pikirim bar: Sizi gözegçilige alyp, söhbetdeşlik geçirilýän adamlaryň sanawyna
goşmaly. Gaýgy etmäň, özüm wagt-wagt gelip, siziň bilen söhbetdeş bolup, sözüňizde durşuňyzy,
pikiriňizde bolýan pozitiw özgermeleri barlap duraryn. Bu inçe iş, adam ýalňyş pikir etse, ýalňyş
hereket hem edip biler, ýagny biziň hereketlerimiz edýän pikirimizden, arzuwlarymyzdan, görýän
düýşlerimizden gelip çykýar…”
“Inim, näme alsaň al-da, meni şol sanawa goşmasana, aýalym bilse, etimi iýer” diýip, men türkmen
häkimiýetleri bilen gürleşmegiň iň netijeli usulyna geçdim.
“Ine, munyň başga gep…” Ol ýylgyryp, jaýyň içine aýlanmaga başlady. “Kitabyň kän eken,
köpüsem orça. Emma “Ruhnama” ýok, “Döwlet guşy” ýok… Bu gowy däl… Güýje girmedik
kanun hakynda öňünden negatiw düýş görmegiň hem sebäbi şunda!” Soň ol äpişgäniň öňüne baryp,
aşakdaky maşynlara göz aýlady. “Bu maşynlaryň haýsysy seňki?”
Men onuň ýanyna baryp, köneje sary “Žigulä” elimi uzatdym. Ol ajy ýylgyrdy. “Seret, gapdalynda
duran “BMW” maşyna, men şonuň eýesiniň hem öýüne baryp gördüm, ors mekdebini gutaran
oglan, emma öýünde “Ruhnama” bar, prezidentleriň portretleri bar. Diýmek, ol saňa görä praktiki
pikirlenýär. Sen bolsa, kitaplaryňdan görnüşine görä, idealistik pikirli adam, ýagny ýerli däplere
düşünmeýärsiň…”
“Ýok, menem ýerli däplere düşünýän, oňşarys, meni şo sanawa goşma, näme diýseň, şol bolar.”
“Aý, agam, diýeniň bilen bolýan zat däl ol, öýüňe seret, towuga ýükläýmeli goşuň bär. Men saňa
gözümi ýumup, işimi ýitireýinmi? Başlyklaram bar, olara-da emläp durmaly…” Ol baryp, ýatyş
otagymdaky şifoneri açdy: “Ehe, täzeje penjek-balak, köýnejikler, köwüş…”
“Çagalar doglan günüme sowgat etdiler, entek bir gezegem geýemok…”
“Geýmäniň gowy-da…” Ol täze penjek-balagy, köýnekleri, täze köwşümi aldy-da, aşakda duran
paketiň içine saldy. “Ýene näme bar?”
Men töweregime göz aýladym. “Halylaryň gaty könelipdir…” Ol iş stolumyň üstünde duran goşar
sagady görüp, süýji ýylgyrdy: “Sagadam doglan günüňe berdilermi? Täzeje ýaly-la?”
“Ýok, bäş-alty ýyl bolandyr, Stambula gidemde alypdym…”
Ol sagadam jübüsine atdy: “Bolýa onda, praktiki pikirlen, agam, başyňa bela gelmejek ýerini bil,
biz saňa ýamanlyk islämizok.” Ol gapynyň agzyna baryp, meniň bilen elleşip hoşlaşdy. Şol wagtam
iç işikde duran paketi görüp, “Bu näme?” diýip sorady.
“Käşir-laý” diýip, gysgançja seslendim. Emma bu kömek etmedi, ol käşirli paketem aldy: “Aýalym
palaw bişirjek, agşam käşir getir diýipdi, gowy bolaýdy, he-he…”
Men içimden: “Wah, Alymerdana $300 beren bolsam, arzanrak düşerdi” diýdim.
Guly edebiýatynyň bedew bady (13.05.2015)
Buşluk adamlar, Guly edebiýatynyň ýene bir beýik eseri bedew bady bilen okyjylar meýdançasyna
atylyp çykdy! Bagyşlaň, men köne türkmençe bilen TDH-nyň döreden täze türkmençesini biraz
garyşdyrýaryn. Häzirki ýagdaýda bolsa, begenjimden hasam bulaşdyrýan bolmagym mümkin.
Meniň begenjim, elbetde, TDH-nyň täze habary - “Türkmenistan – abadançylygyň we rowaçlygyň
ýurdy” diýen täze kitabyň dünýä inmegi bilen bagly. Mälim bolşy ýaly, bu kitap türkmen, iňlis we
rus dillerinde neşir edildi.
TDH bu habar bilen baglylykda Guly edebiýatynyň beýik nusgalyk eserleriniň ýene käbirini “Bagtyýarlyk—saglykdan başlanýar”, “Bilim—bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk”, “Suwýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly bestseller bolan kitaplary hem agzaýar. Emma meniň TDHdan uly nägileligim bar – bu habar agentligi şeýle ajaýyp kitaplara dünýä derejesinde baha bermek
barada, näme üçindir, gürrüň etmeýär. Eger şeýle gürrüň edilmejek bolsa, olary iňlis, rus dillerinde
çykarmagyň manysy näme?
Ýeri bolýar, men TDH bilen deň bolmaýyn, emma başga bir zady – Guly edebiýaty barada şu wagta
çenli aýdylman gelýän hakykaty we oňa hakykatda berilmeli baha baradaky pikirimi aýtmagy
şundan gijä goýup biljek däl.
Eýsem Guly edebiýaty ýa-da türkmen edebiýatynyň Guly akymy näme we Gurbanguly Mälikguly
oglunyň dünýäniň üç dilinde birden çykýan kitaplary bu akyma nädip bedew badyny berýär?
Bilmeýänler bilsinler, Guly edebiýaty Ikinji Jahan urşy ýyllarynda Gökdepäniň Babarap obasynda
döredi we 2007-nji ýyldan soň bat alyp başlady. Türkmen edebiýatynyň bu ýaş akymynyň düýbüni
tutan Mälikguly şahyr Berdimuhammedow. Ol şol gazaply ýyllarda, nemes faşistlerinden çekinmän,
ýetginjek halyna goşgy ýazyp, tutuş halky beýik ýeňşe ruhlandyrypdyr.
Beýik Mälikguly şahyryň kesbi garaşsyzlyk ýyllarynda Şaguly aganyň gyzy Gözel, Rejep aganyň
ogly Nobatguly, Anna aganyň ogly Orazguly… ýaly şahyr-ýazyjylar tarapyndan alnyp göterildi.
Emma edebiýatçylar, ýalňyşmasam, türkmen göripligine erklerini aldyryp, Guly edebiýatynyň ýeten
beýik derejeleri barada ýazmaly bolanlarynda, näme üçindir, galamlaryny haýalladýarlar. Ýa olar bu
edebiýatyň çuňňur many-mazmunyna we dünýäni özgerdiji beýik filosofiýasyna
düşünmeýärmikäler, ony açyp görkezmäge talantlary ýetmeýärmikä? Eger ýatlatsak, birazajyk öň
olar “şa şahyr” diýip, ýaş şahyr Saparmyrat Nyýazowy ýerde-gökde goýmandylar…
Men şu gün Guly edebiýaty meselesindäki adalatsyzlygy aradan aýryp, bu ýerdäki gowuzlygy
doldurmak, guly şahyrlarymyzyň edebiýat äleminde edýän pidakärliklerini gysgaça-da bolsa belläp
geçmek isleýärin.
Hawa, türkmen edebiýatynyň Guly akymy ýa-da gysgaça – Guly edebiýaty gabanjaň şahyr
Saparmyrat Nyýazow ýogalandan soň, gaýtadan ösüp başlady. Sebäbi guly edebiýatyna täze bir
parlak ýyldyz, köptaraply talant – Gurbanguly Mälikguly ogly gelip goşuldy.
Gurbangulynyň köpgyraň talanty barada aýdyp oturmak hem artykmaç, ol Türkmenistanyň Halk
atşynasy, iň mergen atyjy, ussat dijeý, bäş barmagyndan em dökülýän eli ýeňil lukman we maşyndawelosipetde, uçarda-gämide ýaryşmaly bolsa, öňüne adam däl, perişdeleri hem geçirmeýär.
Gurbangulynyň talanty daşary ýurtlarda hem giňden ykrar edildi. Emma men bularyň hemmesini
ýazjak bolsam, aýlap wagt gerek. Ondan ötrin, men diňe onuň Guly edebiýatyndaky hyzmatlary,
hususan-da türkmen kitaplaryny dünýä halklaryna ýetirmekde getiren bedew bady barada aýdyp
geçmekçi.
Dogry, gabanjaň ýaş şahyr Saparmyrat Nyýazowyň eserleri hem dünýäniň kyrkdan gowrak diline
terjime edildi. Emma ol terjimeler esasan tanyşlyk, Ahmet Çalyk ýaly amatly kontrakt aljak bolýan
hilegär iş adamlarynyň kömegi bilen edildi. Emma Gurbanguly ondan bedew bady bilen öňe
saýlandy. Ol hakyky talanty bilen üstünlik gazanýar. Halala halal diýmeli, adamlar!
Gurbangulynyň eserleri, TDH-nyň berýän maglumatlaryna görä, dünýä okyjylaryny çuňňur
mazmuny bilen dyza çökerýär. Häzir Pekin we Şanhaý ýaly uly şäherlerde Konfusini bir gyra
taşlap, esasan Gurbangulyny okamaga başlapdyrlar. Muny meniň hytaýly tanyşlarym hem
tassyklady.
Guly edebiýatynyň esasy güýji, Mälikguly halypdan başlangyç alşy ýaly, kyn günlerde halky ýeňşe
ruhlandyrmak aýratynlygynda. Has dogrusy, Guly edebiýatynyň jadysy güýçli, bir guly kitabyny
okan soň başga kitap okamak islemeýär!
Mälim bolşy ýaly, türkmen halky indi 23 ýyl bäri kyn günleri – ösen sosializmden çüýreýän
kapitalizme geçiş döwrüni başdan geçirýär. Geçiş döwründe-de näme, her hili kynçylyklar bolýar,
käbirleri halky talap, baý bolýar, köp adam işini ýitirýär, garyp düşýär, tozýar. Soňky 23 ýylda
türkmen baýlyklarynyň hasabyna Türkiýede, Fransiýada, Germaniýada, Orsýetde we Ukrainada…
köp adam millioner, milliarder boldy diýip gybat edýärler, şol bir wagtda biziň halkymyz esasan
gedaý galanmyşyn. Emma Guly edebiýaty halky geljekki ösüşlere ruhlandyrmak maksadyndan ugur
alýar we geçiş döwründe bolýan ownuk-uşak kemçiliklere üns bermän, gazanylan beýik
üstünlikleri, mysal üçin, Aşgabatda gurlan köşkleri, fontanlary wasp edýär. Sebäbi halka
kemçilikleri aýtsaň, ol ruhdan düşýär, sebäbi halk göwni gyz göwni ýaly näzik bolýar. Emma halka
diňe üstünlikleri aýtsaň, ol ruhlanýar. Juda bolmasa, halkyň halysyny, atyny, itini, tahýasyny we
telpegini öw, ol ýyrş-ýyrş eder. Ine, halaýyk, Guly edebiýatynyň esasy many-mazmuny ýa mantygy
şu ýerde.
Mälikguly şahyryň esaslandyran Guly edebiýatynyň düýbünde ýatan pelsepe wagtyň synagyndan
geçen tejribe diýsek, ulaltma bolmaz. Mysal üçin, nemes faşistlerine garşy uruş ýyllarynda hem
azgynlyk edýän başlyklar, iliň namysyna tokunýan iki-ýeke mesler bolupdy, emma olary wagtyň
suduna goýupdylar. Häzirem şeýtmeli, eger pursatdan, halkyň aljyraňňylygyndan peýdalanyp,
häkimýiet gatlaklaryna sümüp girip, halky talaýan, onuň namysyna tokunýan adamlar bar bolsa,
olara häzir wagt ýitirmeli däl, esasy ösüşleri öwmeli.
Gönüläp aýtsak, guly edebýatynda problemalary inkär etmeli, hemme zat gowy we şol gowy zatlary
mundan beýläk hem gowulandyrmak ugrunda gije-gündiz tagalla edilýär diýip ýazmaly.
Dogry, ýaş şahyr Saparmyrat Nyýazowyň döwründe türkmen edebiýatynda Ştangaçylar akymy hem
döredi. Ol akymda hem esasan üstünlikleri wasp edýärdiler. Emma olar bir kemçilik goýberdiler,
özara basdaşlykdan, baýrak-wezipe üstünde oňuşman, bir-biri hakynda gybat ýaýradyp, gara
sanawy uzaltdylar we netijede özleri hem köplenç zenzura toruna düşdi. Eger obrazly aýtsak,
emelsiz balykçy deňze tory zyňar, balyk tutjak bolup, emma tory öz başyndan iler, biziň ştangaçylar
edebiýatymyzyň agzalarynyň hem ykbaly şeýle boldy.
Mundanam başga, ştangaçylar juda köp boldy we esasan bir-birlerini gaýtalamak, ozalky odalaryny
çala üýtgedip çap etmek, özlerinden ogurlamak bilen meşgul boldular.
Haçanda baky beýik prezident dünýäsini täzelände, täze beýik prezident üçin has talantly
ştangaçylar gerek boldy. Emma olar öňki prezident döwründe agyr-agyr ştangalary göterip, halys
bolupdylar we täze beýigiň goýan artyk agramyny göterip bilmediler.
Şeýdip, türkmen edebiýatynyň Ştangaçylar akymy çalajan ýagdaýa düşdi. Ikinji tarapdan, onuň bir
topar funksiýasy Guly edebiýaty tarapyndan, başgarak görnüşde dowam etdirilýär. Şonuň bilen bir
wagtda, ştangaçylaryň köpelip masgara bolşuny ýatda saklap, Guly edebiýatynyň wekillerini
sanlyja möçberde saklamak barada assyrynlyk bilen çäre görülýär.
Guly edebiýaty barada gürrüň edilende, wagt çäkli hem bolsa, bu akymyň häzire çenli dünýä
medeniýetiniň altyn hazynasyna goşan iki beýik eserleri hakynda aýdyp geçmek zerur: Olaryň
birinjisi Gurbanguly Mälikguly oglunyň Mälikguly şahyryň uruş ýyllaryna gabat gelen ýaşlygyna
bagyşlan “Döwlet guşy” romany; ikinjisi Şaguly gyzy Gözeliň “Ak güller” poemasy.
“Ak güller” poemasynyň esasy beýikligi nämeden ybarat? Ol garalyga, durmuşdaky gara pikirlere,
gara niýetlere garşy barlyşyksyz göreş yglan edilip ýazylan eserdir. Onda sosialstik realizmiň
çäkliliklerinden çykyp, kapitalistik realizmiň aýlawly ýollary ulanylypdyr, ýagny ýurduň geljegine
gara kölege salan döwlet korrupsuýasyna garşy ak gülleriň simwoliki göreşi yglan edilipdir. Bu
eserde ullakan ironiýa bar, ýany halk geljegine gara kölege salýan korrupsiýanyň başynda duran
adamyň ýoluna ak güller seçilip, ahyrynda ol ak gülleriň täsiri bilen aklyk tarapyna geçmeli.
Gynançly ýeri, türkmen edebiýatçylary bu eserleriň beýikligini, esasy many-mazmunyny
watançylyk ruhunda terbiýelenýän ýaşlarymyza doly açyp görkezip bilmediler ýa-da açyp
görkezmek islemediler. Näme üçin, göriplikden, elbetde! Emma men görip däl we bu eserleriň
beýik mazmunyny, ýurt içinde senzura etseler-de, daşary ýurtda aýtmak kararyna geldim.
Eger Gurbanguly Mälikguly oglunyň “Döwlet guşy” romanynyň belentligine gelsek, bu roman
Guly edebiýatynyň, ýagny türkmen edebiýatynda dörän täze akymyň gözbaşynda duran Mälikguly
şahyryň ýetginjek ýyllaryndan bäri alyp baran ruhy göreşiniň jemlerini açyp görkezýändigi üçin
dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi.
Mälikguly şahyryň gazaply uruş ýyllarynda, doly ýaly ýagýan gülleleriň, top oklarynyň astynda baş
galdyran talanty Gurbangulynyň ýazan ajaýyp romanyna cenli uzak ýyllar görmezlige salyndy. Bu
ýerde esasy bellenmeli zat, şu geçen taryhy döwürde okuw kitaplaryna girizilen ýazyjylar –
Nurmyrat Saryhanow, Hajy Ysmaýylow, Agahan Durdyýew ýaly edebiýat wekilleri wagtyň
synagyndan geçmediler. Sebäbi olar edebiýatyň ösüp gelýän Guly akymyndan üzňedi, sosialistik
realizm diýip, öz ynanmaýan zatlaryna baş atyp, salgyma çapýardylar. Emma Mälikguly realistdi,
şu sebäpden onuň edebi ýoly tutuş maşgalanyň başyna, daýydan başlap ýegenlere çenli, olaryň
töwerek-daşyna çenli “Döwlet guşuny” gondurdy, Gurbangulyny Guly edebiýatynyň dünýä
derejesinde ykrar edilen lideri etdi.
Emma bu ýerde ýene bir edilmeli möhüm iş bar we men bu makalany şu işe giriş üçin ýazýaryn
diýsem-de bolar. Dünýäde edebiýat boýunça berilýän iň uly baýrak bolan Nobel baýragyny Guly
edebiýatynyň wekillerine bermek üçin hem wagt ýetdi. Emma bu baýragyň hem käte syýasy
sebäpler esasynda, adalatsyzlyk edilip, berilmeli däl ýazyjy-şahyrlara berilýän halatlary bar diýip,
günbatar metbugatynda ýazýarlar. Şu sebäpden bu baýragy bermek hukugyny juda bolmanda bir
ýyl, skandinaw ýurtlaryndan aýryp, adalatyň gadymlardan bäri sallançagy bolan Türküstana, Guly
edebiýatynyň baş şäheri Aşgabada geçirmekligi teklip edýärin. Belki, şonda taryhy adalat dikeldiler
we Gurbanguly Nobel baýragyna hakyky bolmalysy ýaly mynasyp bolar.
Bellik: Magtymguly şahyr türkmen edebiýatynyň Guly akymyna girmeýär, sebäbi ol pessimistterkidünýä bolupdyr. “Orramsydan bolan haramhor begler” diýip, poeziýanyň etikasyna sygmaýan
gödek sözleri ulanyp, şygyr medeniýetiniň derejesini pese gaçyrypdyr.
Aşgabatly edebiýatçy
Dyza çökmedik şahyr (30.11.2012)
“Men nädogrulyklar hakda ýazman diýip, barybir,
hiç kimiň öňünde dyza çöküp ýalbarmaryn.” Bu
sözler Annasoltan Kekilowanyň ömrüniň soňky
aýlarynda ýazan hatlaryndan alyndy.
Eger
Türkmenistan
1991-nji
ýyldan
soň
türkmenistanlylar üçin azat-erkin ýurt bolan bolsady,
Annasoltanyň ömri we döredijiligi, şol sanda
“Gargalar” goşgusy mekdep programmasyna
hökman girizilerdi. Ol bu goşguda azaşan halkyň,
totalitar režime ýesir düşürilen we şol ýesirlikde saklanýan adamlaryň ýagdaýyny ussatlyk bilen
suratlandyryp, şeýle ýazypdy:
“Azaşýan ýol tapman doňak tokaýda,
Dodaklarym kepäp, ýalaýan gary.
Ýüregim gananok, ýene men teşne,
Gaýyp ýör depämde gara gargalar,
Soraýan olardan:
- Nirede çeşme?!
Gargalar gygyrýar:
“Gak, gak-da, gak-gak”.
Göwnüme bolmasa, diýýärler olar,
Gözleme gyz, bu tokaýda çeşme ýok”.
Ol gargalardan özüni tokaýdan ugratmagy soraýar. Şahyryň bu uly, tukat tokaýda, dury çeşmäň
sowuk suwuny küýsän kalbynda ýene we ýene lowlap ot ýanýar. Bu tokaý äpet SSSR-di. Onuň
gargalar diýýäni bolsa, belki-de, kömek sorap, adalat gözläp hat ýazan adamlarydy, ýokardakylardy.
Soň ol şeýle netijä geldi:
“Olar baha kesýär enelerine,
Olar baha kesýär ene ýerine,
Olar baha kesýär öz-özlerine,
Olar möhür basýar öz ýüzlerine…”
Annasoltan Kekilowanyň “Gargalar” goşgusy maňa köplenç, nämedendir, başga bir şahyryň, G.
Ezizowyň “Gar” atly goşgusyny ýatladýar. Belki, G.Ezizow Annasoltanyň “Gargalar” goşgusyny
okandyr, bilýändir, ýöne ol, şahyr hökmünde öz döwürdeşleriniň ählisinden aňryk, çuňluga giden
hem bolsa, Annasoltanyň gören gargalaryny görmezlige salyp, meselä başgarak tarapdan
çemeleşmegi makul bilipdir. Onuň gargalary gara gargaýar hem biz gonsak, gar garalar diýip pikir
edýär we doňup galýar…
Bu belli, sowet režimi Annasoltanyň Ezop dilini, öwrümi saýlap alman, gönümelligi saýlap
almagyny hem öz pikirlerini açyk aýtmagyny hiç bir halatda bagyşlap biljek däldi, ýöne ony şondan
soňky türkmen režimi hem, hatda “bagtyýarlyk” döwri hem bagyşlamady.
“Aklym diýýär maňa: – Samsyjak gözel,
Gör, ömrüňden hoşal ahyr Aý-Günem,
Kaýyl bol-da bu durmuşyň emrine,
Bolşuna göräräk ýaşaber senem.
Ýürek diýýär: – Bolmasady hyjuwlar,
Onda kyn düşmezdi beýdip gün görmek.
Bolmaz ahyr hak aýdymlaň deregne
Agzyňa gelenin şagladyp ýörmek.”
Sada, ýöne şol döwür hem, soňra garaşsyzlyk, “altyn asyr”, “bagtyýarlyk” döwürlerinde hem
köpleriň edenini, ýagny bolşuna görä ýaşamagy, “diý” diýlenini diýmegi we baýrak almagy,
“agzyna geleni şaglatmagy” saýlap alanlar köp bolupdy. Annasoltanyň “günäsi” hem beýikligi şol
ýoldan, şol talapdan ýüz öwürmegidi. Ol, pelsepe dili bilen aýtsak, inkär edilmegi inkär edip beýik
bolupdy, tussag edilip, azat galypdy we öldürilip diri galmagyň, il hakydasynda saklanmagyň, il
içindäki aňly, üşükli adamlara mertlik çelgisi bolmagyň hötedisnden gelipdi.
Ol: “Göýä bir gyş güni açylan gül dek, Aňzak bilen göreş etdim, açyldym” diýip ýazypdy.
Edebiýatçy M.Mämmetgurbanowyň ýazmagyna görä, Annasoltany ilki Köşüdäki keselhanada
saklapdyrlar. Soňra ony Aşgabatdaky, Gökdepedäki, Daşhowuzdaky, hatda Moskwadaky
keselhanalara hem iberipdirler. Aýdylmagyna görä, Moskwadaky keselhana iberilmegini onuň özi
talap edipdir, şol ýerde özüne goýlan ýalňyş diagnozyň aýrylmagyna kömek ediler diýen tamasy bar
eken. Emma Moskwa onuň derdini has agyrlaşdyrypdyr. Has anygy, türkmen şahyrynyň syýasat
bilen bagly pikirleriniň şol döwrüň ideologiýasyna o diýen gabat gelmezligi, şonuň bilen bir wagtda
Moskwa tarapyndan asla makullanyp bilinmejek hereketleri onuň tä ölýänçä hasshanada
saklanmagyna getiripdir. Has anygy, bütin dünýä haýbat atyp oturan ýadro ýaragly köşüli şahyr
gelniň aýdan we aýtjak sözlerinden gorkupdyr. Şol gorky sebäpli hem olar ony 12 ýylda “bejerjek”
bolupdyrlar, emma olara şahyry ähli sowet adamlarynyň barýan” bagtyýarlyk” ýoluna gaýtadan
“salmak” başartmandyr.
Annasoltan soňky demine çenli göreşipdir, ýazypdyr. Onuň ejesi Ogulgerek daýza käte gijelerini
hassahananyň demir gözenekli äpişgesiniň aňyrsynda, gyzynyň gapdalynda geçiripdir. Ýöne ene bu
hasrata, sag çagasynyň, “daglarbaşy” diýip söýen körpe gyzynyň hakykaty ýazany üçin “däli”
edilmegine uzak çydaman, arman bilen dünýeden ötüpdir.
Emma Annasoltan, adamlar biri-birine nähili biparh bolsa-da, döwlet özüni şeýle jebri-jepa sezewar
etse-de, watanyna, ýurduna bolan söýgüsini hakykata bolan söýgüsi ýaly belent tutupdyr:
“Maýsa kösüklände gülli sährada,
günden sorasynlar meniň derdimi.
Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da,
Ruhum bilen söýýändirin ýurdumy.”
Käte şahyrlary aşa idealist, ýerden aýagyny üzen, durmuşa düşünmeýän adam hasaplaýarlar. Emma
bu juda beýle hem däl. Olar öz ýagdaýlaryny hem, durmuşy hem bilýärler:
“Alaç ýok. Dünýäniň gurluşy şeýle,
Bar durmuşa her kimiň öz hyýaly.
Kim watanyn söýýär, söýýär bilbili,
Kim bolsa jan berýär gujaklap puly.”
Beýik şahyrlar hut şu pully ýoldan gidip bilmeýändikleri üçin, kgbçileriň dili bilen aýdylanda
“düzelmeýändikleri”, “toba etmeýändikleri” üçin jezalandyrylýarlar, olaryň pitnesi şu pul ýoluna,
her kemsitmä kaýyllyk we gulçulyk ýoluna garşy durmakdan başlanýar:
“Sen hiç kime namysyňy satmadyň,
Muny päklik hasapladyň özüňe.
Wyždan kemsidilýän şeýle mekanda
Gör, näme getirdi bu päklik saňa…”
Bu setirler beýik Magtymgulynyň “Bizara gelip men beýle diýardan, Jür bolup men başym alyp
gitmäge” diýen sözlerini ýatladýar.
Sowet režiminden sag-aman gutulan bolsa, türkmen halkynyň ilkinji dissident şahyrasy Annasoltan
Kekilowa şu günler 70 ýaşyny toýlardy.
Ol 1942-nji ýylyň 30-njy noýabrynda, Aşgabadyň etegindeki Köşi obasynda, şahyrlar Aman we
Şaly Kekilowlaryň iň uly dogany Seýidiň maşgalasynda dünýä inipdir. Ýöne Annasoltanyň ykbaly
ne uly alym bolan Aman kakasynyňka, ne-de uruşda wepat bolan Şaly kakasynyňka meňzäpdir.
Annasoltan 1971-nji ýylda, 29 ýaşynda, zor bilen dälihana ýerleşdirilýär. Ol şol ýerde, dürli
hassahanalarda öňli-soňly 12 ýyl saklanyp, 1983-nji ýylyň 19-njy iýunynda azat edilýär, ýagny şol
gün onuň jesedini garyndaşlaryna berýärler.
Ol şondan öň ejesi Ogulgerek daýzanyň “Daglarbaşy” diýip söýen gyzydy; 19 ýaşynda durmuşa
çykypdy, 20 ýaşynda ogly bolupdy; Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy
fakultetini gutaryp, ilki mekdepde, soň “Mydam taýýar” gazetinde işläpdi; “Gara saçlarym” (1968),
“Zenanlar” (1971) atly goşgular kitaplary çykypdy; sözlerine birnäçe aýdym döredilipdi, terjime
edilen goşgulary rus dilindäki ýygyndylara girizilipdi…
Soňky 20 ýylda Türkmenistandan kän adam daşary ýurtlara ýaşamaga gitdi, olaryň arasynda döwlet
işlerinde işlän adamlar hem, olaryň çagalary hem bar. Hatda daşary ýurtlarda emläk satyn alan we
yzyna arkaýyn gelip-gidp ýören türkmenler hem az däl. Emma Annasoltan diňe Angliýa gitmek
isländigi, şol ýurduň Moskwadaky ilçihanasyna arza bilen ýüz tutandygy üçin ilki göz astyna
alyndy, soň dälihana gabaldy.
Dogrusy, onuň bar “günäsi” Angliýa gitmek islemeginde hem däldi. 1990-njy ýyllaryň başynda
jemgyýetçilige elýeterli bolan maglumatlardan, hususan-da Annasoltanyň “keseliniň taryhyndan”
belli bolşuna görä, ol respublikanyň ýolbaşçylaryny tankytlapdyr.
Şahyr Kerim Gurbannepesowda , ýalňyşmasam, “Aýal diýilýän zat ýerdäki taňry” diýen setir bar.
Annasoltan bolsa, “Biz gyrnak” diýip, türkmen aýallaryna degişli başga hakykaty aýdypdy:
“Biz gyrnak,
Bilýäris gyrnaklygmyzy,
Şoň üçin dört ýere bölýäs ýüregmiz.
Ine, ýüregmiziň bir böleginde
Gussaly ýaşlygmyz hem ajal ýatyr.
Gün gerekmi?! –
Tümlük?
Isläniň saýla!
Çözmesi kyn. Elhenç…
Şu jedel ýatyr.
Ýüregmiziň beýleki bir bölegi
Eýlenipdir sowuk garaýyşlara.
Zynjyrsyz baglanan
El-aýaklarmyz –
Ýan bermelimişin,
Gara gyşlara.
Üçünji bölegi ýüreklermiziň
Tutuşlygna eýlenipdir hyjuwa.
Bu ýerde ýigrenç bar gyrnaklygmyza,
“Baky” berilipmi gyrnaklyk bize?!
Ine, ýüregmiziň soňky bölegi,
Bu ýerde näm bolýar?!
Semiz jenaplar…
Dar kabinetlerde möhür basýarlar,
Basgylap iň oňat aýdymlarmyza,
Gyrnaklygmyz bilen,
Baha kesýärler…”
Aýal-gyzlara erkekler bilen berlen deňligiň gije-gündiz wasp edilýän ýurdunda Annasoltana çenli
hiç bir şahyr beýle goşgy ýazmandy. Onuň radioda okan käbir goşgularynda “syýasy yrgalyga” ýol
berenligi üçin söhbetdeşlige çagyrylp başlanmagy şu ýüreklilik, şu batyrgaýlyk, şu dogruçyllyk we
gönümellik bilen baglydy. Ol dünýäde iň bagtly durmuş şertlerini döretdim diýip öwünýän döwletiň
öňünde, onuň öňe sürýän, beýlekileriň boýnuna zor bilen dakýan hakykatyna ters gelýän hakykaty
aýdýardy.
Ol diňe goşgy ýazmak bilen hem oňmandyr, respublikada aýal-gyzlara nädogry çemeleşilýändigi
barada Kompartiýanyň XXIV gurultaýyna arza hem ýazypdyr. Elebetde, diýdimzor partiýa onuň
arzalarynda aýdylýan kemçilikleri düzedip ýa boýun alyp biljek däldi, onsoň bu arzalary ýazýany
“düzetmelidi”. Bu hili “düzedişiň” barlagdan geçen usullarynyň biri bolsa, türmeden başga, ruhy
hassahana gabamakdy. Bu başgaça pikiri, umumy kabul edilen hakykatdan başga hakykaty öňe
sürýän adamyň pikirlerine il içinde şübhe döretmekde iň netijeli usul hasaplanýardy. Megerem
şondan, il içinde Annasoltanyň “däliligi” barada döwlet ýalanynyň kerebinden boşanyp bilmän
ýören adamlar şindem bar.
Saklanyp galan dokumentler häkimiýetleriň ony hakaykatda däli hasaplamandygyny görkezýär.
Mälim bolşy ýaly, ruhy hassalykdan ejir çekýär diýip bilinýän adam jenaýat jogapkärçiligine
çekilmeýär. Edebiýatçy M. Mämmetgurbanowyň maglumatlaryna görä, ol 1975-nji ýylda, dälihana
gabalandan birnäçe ýyl soň, SSSR Jenaýat kodeksiniň 206-njy maddasynyň 2-nji bolüminiň 7-nji
punkty esasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilipdir. Emma onuň türmä geçirilendigi barada hiç bir
maglumat ýok. Tersine, wraçlaryň esasy aladasy, belki-de ýokardan berlen buýruk esasynda,
Annasoltany Kompartiýa, respublikanyň ýolbaşçylary barada aýdýan zatlaryndan dändirmek, bu
pikirleriň “näsagyň” ruhy hassalygy sebäpli dörändigini onuň özüne tassyklatmak bolupdyr. Onsoň,
eger kemçilikleri tankytlamasa, bu onuň saglygynyň gowulaşandygynyň alamaty “hasaplanypdyr”.
Annasoltan “Jebir gördüm bu diwardan aňyrda//Zulum gördüm bu diwardan aňyrda” diýip
ýazypdyr.
Bu oňa pikirinden, pozisiýasyndan dänmegi, “başgalar ýaly bolmagy” üçin yzygyderli basyş
edilendigini görkezýär. Ol aşakdaky goşgusynda, megerem, şu basyşlara jogap bermäge çalşypdyr:
“Söýemok men bu jahanda,
Ýaranjaklap gün görmäni.
Ýagşy görýän beýle günden,
Öz ajalma jan bermäni.
Niçik bolar şemal ýaly,
Çar tarapa öwsüp dursam?
Ýan bermeli bolar onda,
Garşymda gaý-tupan görsem.
Dönmerin öz pikirimden
Atsalar-da ýanar oda.
Ömrüm boýy hyzmat etjek
“Ynsan” diýlen belent ada!”
Ýöne dokumentler hassahanada geçirilen gara gijeleriň şahyra ýeňil düşmändigini, onuň wraçlaryň
berýän “akyllaryny” almaga tasdan razylaşan halatlarynyň hem bolandygyny çaklamaga esas
berýär.
“Näsag dälilikden saplandy… dürli ýerlere arza ýazmasyny goýdy, biziň partiýamyzyň,
Türkmenistanyň Merkezi komitetiniň nädogry ugry alyp barandygy hakdaky öňki pikirleriniň,
syýasata baş goşup, hakykaty gözlemeginiň öz keseli sebäpli bolandygyny aýtdy” diýip, Annasoltan
Kekilowanyň “keseliniň taryhynyň” bir ýerinde aýdylýar.
Emma şahyr, köp goşgusy ýiten-de bolsa, köp goşgusy içinde, dogman ölen-de bolsa, biljege,
aňlajaga, düşünjege aýdyp bilipdir:
“Mejalym çatmady gygyrmaga-da,
Dymmakdanam ejiz gelýär ýüregim.
Göýä harasat deý inip depämden,
Uzatdy gap-gara ellerin ölüm.”
Hawa, hakyky şahyryň ýüregi şeýle bolýar, dymmakdan ejiz gelýär; aglaba köplügiňki, döwlet
tarapyndan sylanýan we götergilenýän adamlaryňky ýaly, gürlemekden, hakykaty aýtmakdan ejiz
gelmeýär. Emma azatlyk, erkinlik, hak sözi aýtmak hiç wagt mugt däl, ol köplenç şol sözi aýdan
adama, belki-de onuň ýakynlaryna, ogul-gyzyna, tutuş neberesine-de gymmat, gaty gymmat düşýär.
Ýöne hakykaty aýdan adam, dymanlardan, rahat ýerde oturmagy saýlap alanlardan tapawutlylykda,
uzak wagtlap ykrar edilmese-de, hakykatda iliň namysyna, wyždanyna öwrülýär. Sebäbi ol iliň
inkär edilemgini inkär edýär.
Şahyr: “Soň men öldürildim… Ölüp ýaşadym” diýýär. Hawa, ol biziň aramyzda ölüp ýaşap ýör.
Käte-käte bolsa, birden öz aladalarymyz bilen aşa gümra bolup, şahyryň bize galdyran owadan
goşgularyny ýatdan çykarybersek, ol “Haýsy ýerde, nirelerde bolsam-da, Ruhum bilen söýýändirin
ýurdumy” diýip, gulagymyza pyşyrdaýar.
Arman, biz onuň goşgularyny ýene bir 21 ýyl kitap edip çykarmadyk. Annasoltan Kekilowanyň
soňky kitaby, “Ömrüzaýa ýyldyzym” 1992-nji ýylda, “Türkmenistan” neşirýatynda çykypdy. Öňki
21 ýyla, 1971-nji ýyldan 1992-nji ýyla çenli aralyga sowet režimi günäkärdi, indiki 21- ýyla
Türkmenistanda döredilen şahsyýet kulty, bir “ýazyjydan” başga ýazyja ýol berilmezligi günäkär.
Hawa, sowet režiminden sag-aman gutulan bolsa, türkmen halkynyň ilkinji dissident şahyrasy
Annasoltan Kekilowa şu günler 70 ýaşyny toýlardy. Bizem, şahsyýet kultuna ýolumyzy
urdurmadyk bolsak, onuň kitaplaryny çykaryp, ýaşlara sowgat ederdik. Emma bularyň ikisem
bolmady. Ýogsa ol, öz aýdyşy ýaly, ak güldi, ýönekeý ak güldi. Türkmenleriň Köpetdagynda
açylypdy. “Suwsuzlykdan saralsa-da gül meňzim, daş güli men, aslyýetim ak meniň” diýipdi.
Aşgabatly edebiýatçy. Makalada şahyryň “Ömrüzaýa ýyldyzym” kitabyndan, şol kitaba edebiýatçy
M.Mämmetgurbanow tarapyndan ýazylan sözbaşydan peýdalanyldy.
“Buşluk, prezidentiň kitaby çykdy!” (07.02.2013)
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň konferensiýa zalynda Türkmenistanyň
prezidenti G.Berdimuhamedowyň çeh hem iňlis dilinde çykan kitaplarynyň dabaraly prezentasiýasy
boldy. TDH bu aksiýany geçirmek üçin, Çeh respublikasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we
doly ygtyýarly ilçisiniň ýolbaşçylygynda, biziň ýurdumyza bir delegasiýanyň gelendigini habar
berýär.
Dogrusy, bu bir begenmeli habar. Emma men begenip bilmedim. Bazardan gelen aýalyma “Buşluk,
ýene prezidentiň kitaby çykypdyr, özem daşary ýurt dillerinde” diýen boldum, içim welin
aglaýardy.
Göriplik gursun! Heý, şunuň ýaly ýaman zat barmyka? Her gezek giň bolaýyn, iliň üstünligine ýa
talantyna içigaralyk etmäýin diýýän, emma başaramok. Dogrusyny aýtsam, bu ýöne göripligem däl,
professional göriplik. “Özüni bilen – weli” diýipdirler. Men özüme “weli-beýleki” diýip oturmaýyn,
emma özümiň göripdigimi, barha-da beter bolýandgymy gaty gowy bilýän. Bu, belki-de meniň
kärim, ýazyjylyk bilen baglydyr.
Başdan boýun alýyn: ilkiler beýle däldim, il deňinde kitapjyklarym, çelpek ýalyjakdanam bolsa,
çykar durardy. SSSR Ýazyjylar guramasynyň agzasy bolupdym, çagalar bilen tomus Gara deňziň
kenaryna gidip, başga ýazyjylaryň deňinde dynç alardym. Gyşyna Moskwanyň etegindäki
Döredijilik öýüne baryp, tomus gutaryp bilmedik romanymyň yzyny ýazýardym.
Ýurt içinde nirä barsam, “pylany gelipdir” diýip, gadyr bilen garşylap, törden orun berýärdiler.
Emma, bagty ýatan SSSR ýykyldy-da, Saparmyrat Moskwadan garaşsyzlyga çykdy oturyberdi.
Wah, bulam belanyň ýarysy eken: ol garaşsyz bolup-bolman, ýazyjy bolmak, onda-da birinji ýazyjy,
şa şahyr, belki-de pygamber bolmak hyýalyna mündi. Pygamber bolmak üçin bolsa, özüňiz
bilýäňiz, Kuranyň ýa Injiliň bolmaly…
Men ilkiler ýazyjy, şahyr bolmak üçin hudaý beren talant, zehin, öz üstüňde irginsiz işlemek gerek
diýen pikirdedim. Emma bir ýurduň prezidenti bolsaň, ol ýurdam nebit-gaza baý bolsa, ozal bir setir
çyrşamadyk bolsaň hem, derrew kyrk dilde kitaby çykýan ýazyjy bolup bolýan eken.
Men başga-da bir zady boýun alaýyn: Saparmyrat ýaşy boýunça menden biraz uludy, özem ölemen
çilimkeşdi. Ýagly-ýüzli naharlary, konýagy öler ýaly gowy görerdi. Munuň üstesine, görene
müňkür bolup, wezipesini, kürsüsini gabanyp, dynç hem alyp bilmezdi. Onsoň men içimden: “Aý,
uzak gitmeseň gerek, kyrk däl, elli dilde çykart kitabyňy, bir gün birini çykartmadyk ýaly bolarsyň”
diýip, gara-gara pikirlere berlerdim. Ýogsa atam pahyr “Duşmanyň ölümini diländen başyň
saglygyny dile” diýip, kän gaýtalardy.
Diýeni ýaly, Saparmyrat bir gün öldi, oňa derek bizden biraz ýaş adam prezident boldy. “Indi bu
öňki prezidentiň ýazyjy-wejeralygyny gaýtalamaz, daşary ýurtlularyň öňki prezidenti it oýnan ýaly
oýnap, düşewüntli kontrakt almak üçin kitaplaryny başga dillere terjime eden bolanlaryny
bilýändir” diýdim. Diňe menem däl, ynanyşýan kärdeşlerimiň hem biri meniň bilen pikirdeş boldy.
Emma bu diýenimiz bolmady. Täze prezident hem, gele-gelmäne ýazyjy boldy. Asyl ol prezident
bolmak üçin däl-de, ýazyjy bolmak üçin prezident bolan ýaly. Ýogsam bolmasa, prezidentlige
kandidat bolanda, “ýazyjy bolaryn, yzly-yzyna kitap ýazyp, diňe sizi däl, daşary ýurt okyjylaryny
hem begendirip duraryn” diýip, hiç hili söz ýa-da wada bermändi.
Indi, şol pikirdeş kärdeşim her gezek prezidentiň kitaby çykanda jaň edip, “Tüweleme, bu
prezidentem gaty öndümli işleýär, biz ýaly ikinji sort ýazyjylara nobat ýetjek däl, zora-zor diýmeli”
diýen bolýar. Bilýän, içi ýanyp, tüsseläp dur, emma gönüläp hiç zat aýdyp bilenok.
Menem ondan beter, ýöne trubkany goýup, ýorgany başyma büreýän-de, çalaja pyşyrdaýan:
“Göripligimiz ýok bendä, hudaý talant beripdir. Daşary ýurtly biznesmenlerem, tüweleme, ynsaply
adamlar, talanty sylaýarlar” diýýän.
Onsoň aýalymyň hem pyşyrdysy eşidilýär: “Hawa, iň talantly ýazyjysynyň eserlerini başga dilde
neşir edip, myhmansöýer türkmenleriň eden sylag-hormatynyň ýerine bir hyzmatjyk edeli
diýýändirler.”
Içigargalmyş, biz ýazyjylar owarram, kitabymyz çykmansoň, professional göriplik edýäs diýsem,
bu kesel aýalyma-da geçip barýar. Ine, men indi şuny alada edýärin. Diýmäýin diýsem, göriplik
gursun!
Ir süýnen ýyldyz (09.02.2013)
Ýadymda, Akmyradyñ Watana dolanan günleri SSSR diýen imperiýa soñky günlerini başdan
geçirýärdi. Türkmen kommunistleri bolsa, Moskwada bolup geçýän zatlara akyl ýetirip bilmän,
Aşgabatda oturan ýerlerinden oda-köze düşýärdiler.
Türkmen intelligentsiýasy, ýazyjylar, hudožnikler akyl-huşuna gelip, ýuwaşjadan janlanyp başlapdy.
Gazetdir žurnallarda syýasy äheñli, ýiti pikirleri öñe sürýän, halkyñ öz ýoluny özüniñ saýlap
almalydygy baradaky makalalar, nähili ýol bilen nebit-gazyñ hakyny almak, Watany çig mal
çeşmesi ýagdaýyndan çykaryp, öñde baryjy döwletleriñ hataryna goşmak barada meseleler
gozgalyp edilýän çykyşlar peýda bolýardy.
Aşgabadyñ “Azatlyk” prospektiniñ ugrunda ýerleşýän “Köpetdag” restoranynda döredijilik
adamlarynyň Azat türkmen jemgyýetini döretmek niýeti bilen guran ýygnanşygynda Akmyrat
janygyp gürläpdi. Şonda biziñ köpimiz Leningraddan gelen we şol ýerde SSSR Ýazyjylar
guramasynyñ agzalygyna kabul edilen, birnäçe rusça neşir edilen kitabyñ awtory bolan ildeşimizi
ilkinji gezek diñleýärdik.
Biz asla onuñ “Toýun oglanjyk” kitabyndan başga zadyny okamandyk, ol barada hiç zat
bilemzokdyk. Ýöne nurana, inçemik at ýüzi, boýdan-başa ak geýnişi, selçeñräk owadan sakgaly,
parahat hem sadalyk bilen garaýan gözleri, meniň göwnüme bolmasa, onuň aýdýan sözleriniň
ýürekden çykýandygyna goşmaça bir delil ýalydy.
Ol asla belent ses bilen gürlemeýärdi, dilewarlyk satjak bolmaýardy, köpbilmişsiremeýärdi. Onuñ
äheñinden, gepinden-sözünden kalbynyñ düýp-teýkaryndan gaýdýan akyl ýetiriş ukyplylygy, edil
günüñ nury ýaly, mese-mälim duýlup durdy. Beýle intelligentlik biziñ akyla we analize derek
gykylyga we demagogiýa köp duşýan jemgyýetimize ýetmeýän zatdy. Biz derrew gaharlanýardyk,
sesimizi gataldýardyk, ýa-da ýüzümizi kürşerdip, ähli sabyrsyzlygymyzy, dargursaklygymyzy
daşymyza çykarýardyk.
Dogry, o mahal biz birden diýen ýaly peýda bolan erkin şemala, başymyz aýlanan ýaly,
göterilýärdik hem bu ajaýyp döwrüñ uzak dowam etmejegini añýan ýaly howlugýardyk. Emma bu
ýerde howlugyp aljak galañ ýokdugyna welin ýeterlik düşünmeýärdik.
Akmyrat bolsa, öz rahat durmuşyndan, Newa derýasynyñ ýakasyndaky ajaýyp şäherden hut şeýle
howlukmaçlyk bilen gelenem bolsa, özi dymyp, bizi diñleýärdi, diñe şondan soñ öz pikirlerini
aýdýardy.
Şol “Köpetdag” ýygnanyşygyndan soñ, aramja damjalaýan ýagşyñ astynda Akmyrat bilen ýöräp
gelşimize, men onuñ halk üçin, onuñ gelejegi üçin biziñ hemmämizden kän alada edýändigine,
alñasaýandygyna düşündim. Şondanam biziñ kän bir bildirgisiz, ýöne gaty gysga bolan
dostlugymyz başlandy.
Ol käte meniň iş ýerime gelip, öz ýüregini çişirýän zatlar, bile-göre ýalñyş edilýän işler, ownuklyk,
görüplik, gep-gybat barada ýanyp gürrüñ ederdi. Ýöne ol hiç zeýrenmezdi, aýdýan zadyny gysga,
ýöne ömür ýadyñda galar ýaly edip aýdardy. Bu bolsa asla zeýrenç bolmaýardy-da, ýüregiñ sesi,
paýhasyñ duýduryşy ýaly bir zat bolup eşidilýärdi.
“Köpetdag” restoranyndaky ýygnanyşyga gatnaşanlaryñ ýadyndadyr, şondan soñ KGB erkin
pikirliligiñ garşysyna bir topar çäre görüpdi. Bu çäreler soñy bilen erkin pikirli ýaşlaryň,
ýazyjylardyr hudojnikleriň kem-kemden gyra çekilmegine, yolbaşçy kürsülerde oturan adamlaryň
bolsa, uçdantutma diýen ýaly ogurlyga ýatmagyna getirdi.
Akmyrat Şir türkmen jemgyýetçiliginiñ arasynda birden peýda bolşy ýaly, birden hem gaýyp boldy.
Ony öz dogduk obasyna, ata-babalarynyñ ýatan Işanrabat gonamçylygyna alyp gitdiler. Biz bolsak,
Akmyradyñ Aşgabat şäherindäki öý-ojak tutunan ýerinde, mikroraýon jaýynyñ öñündäki
meýdançajykda gözümizi ýaşlap galdyk . . .
Men Akmyrat baradaky şu ýazgylary kän wagtlap ýazyp bilmän geldim, birden bir bijaý söz ýazyp,
onuñ ruhuny ynjydaýmaýyn diýip gorkdum. Asla onuñ aramyzda ýokdugyny, onuñ ýoklugynda
ýatlama ýazmaly bolýandygymy boýun alasym gelmedi. Ýöne wagt bar zady boýnuña goýýan eken.
Akmyradyñ oýulup galan ýeri, edebiýatda etmeli işleri bolsa, onuñ ýokdugyny her gün, her sagat
duýdurdy durdy. Biz, ýaş ýazyjylar Akmyratda öz edebi liderimiziň we egindeşimiziň keşbini
görüpdik, emma bu liderligiň we egindeşligiñ geljekde özümiz üçin şeýle zerur boljagy, emma onuň
hiç tapylmajagy barada pikir etmändik.
Şahyr Gurbannazar Ezizow öz wagtynda edebi liderligi gaýtalap bolmaz derejede döredip gidipdi.
Gurbannazardan soñky şahyrlar onuñ mesaña yzy bildirip duran edebi medeniýetine maýyllyk bilen
ýaşaýardylar, ondan güýç-gurbat alýardylar. Ezizowyñ döredijiligi türkmen edebiýatynda uly bir
basgançagy, täze galkynyşy, derejäni, ösüşi alamatlandyrypdy. Ýöne Gurbannazaryñ döwri başga
döwürdi, onuñ döredijiliginde Lenin temasy hem, Stalin bilen Hitleriň syýasy däliliginiň we
adamhorlugynyň netijesi bolan II Jahan Urşy hem esasy temalardy. Wagt bolsa, eýýäm leninçiligiñ
hem, sowet watançylygynyñ hem näderejede galplyk bilen gurşalandygynyñ üstüni açyp ýöpdi.
Ine, şu döwürde-de Akmyrat Şiriñ kyssasy biziñ nazarymyzy egläpdi, onuñ özi peýda bolupdy. Indi
edebiýat diñe bir edebiýat däldi, eýsem, syýasatdy hem. Indi biz edebiýatda diñe bir döwlet
ideologiýasynyñ çäginde pikir ýöretmäge kaýyl däldik, erkinligi, azatlygy, milli ideýalary,
demokratiýany dabaralandyrmak meýlimiz bardy.
Akmyrat Şiriñ döredijiliginde biziñ erkinlik meýlimize gabat gelýän ruh bardy. Ol türkmen obalary,
olardaky ýaşaýyş, ýaşlaryñ arasyndaky gatnaşyk barada türkmen ýazyjylaryna gaty bir mahsus
bolmadyk täzeçillik, açyklyk bilen ýazýardy; gyz-oglanyñ arasyndaky gatnaşyklary, maşgalada
bolup geçýän zatlary socialistik realizmiñ ýa-da şol realizmi wagyz edýän edebi tankydyñ
nazarýetine beýle bir gabat gelmeýän hörpde beýan edýärdi.
Bu eýýäm edebiýatda dowam edýän ýasamalygyñ, galplygyñ, göwnüňdäkini, bar zady däl-de, talap
edilýän zady ýazmagyñ soñunyñ gelýänligini añladýan bir alamatdy. Akmyrat Şiriñ
döredijiligindäki täzelik ruhy rus hem ýewropa edebiýatyndaky öñdebaryjy äheñleriñ,
tendenciýalaryñ milli formada şöhlelenmesi ýaly bir zatdy. Onuñ terbiýesi, okuwy biziňkä garanda
has ýokarydy, edebi medeniýeti, tejribesi uludy.
Akmyrat Şir türkmen okyjysyna düýpden tanyş däldi diýsek ýalñyş bolar. Heniz Akmyrat Watana
dolanmanka hem biz ol barada eşidýärdik, Moskwa, Leningrada gidip gelen ýazyjylar rus edebi
jemgyýetçiliginde Akmyrat Şirowyñ adynyñ uly hormat bilen tutulýandygyny, onuñ gelejegine uly
umyt bildirilýändigini buýsanç bilen gürrüñ berýärdiler.
Soñ biz, başda hem aýdyşym ýaly, Akmyradyñ özi bilen ýakyndan tanyş bolduk, onuñ eserlerini ilki
rus dilinde, soñ bolsa türkmen dilinde hem okap başladyk. Sebäbi şol döwürde “Ýaşlyk” jurnaly
Akmyradyñ eserleriniñ terjimesini çap edip başlapdy. Ol bir gezek maňa türkmençe ýazasynyñ
gelýändigini, öz zatlaryny özüniñ terjime edesiniñ gelýändigini, emma indi muňa wagtynyñ
azdygyny aýdypdy; ýazasy gelýän zatlaryna şeýle-de ýetişip bilmeýändigini, rusçadan türkmençä
geçmegiň bolsa, ilki bilen-ä kyn boljagyny, soňam esli wagt aljagyny boýun alypdy.
“Türkmenistan” neşirýaty Akmyradyñ eserlerini rus dilinde çapdan çykaranda, dogrusy, biziñ
begenjimiziñ çägi bolmandy. Biz türkmen kyssasynyñ täze hem gujurly, rus dilinde ruslaryñ
özünden asla kem ýazmaýan wekiliniñ peýda bolanyna buýsanýardyk. Akmyradyñ gahrymanlaryny,
türkmen obalaryndaky päkligi, Baky we Merýem obrazyny bolsa, türkmen kyssaçylygyndaky täze
bir dereje hökmünde, türkmeni nädip açmalydygynyñ mysaly hökmünde ýüregimizde göterýärdik.
Soñ, 1992-nji ýylda täze dörän “Ruh” neşirýaty Akmyrat Şiriñ “Älem ruhy” powestini türkmen
dilinde neşir etdi. Bu eserde gürrüñ rus durmuşy, rus adamlary barada gidýärdi. Powestiñ baş
gahrymany Tanýa atly rus gyzydy. Wakalar bolsa, türkmene o diýen tanyş bolmadyk ylmy institutyñ
içinde we daşynda, sowet ýyllarynda üstüne kän gum sürlen jadygöýlük ylmynyñ töwereginde
bolup geçýärdi. Akmyradyñ bu eseri rus okyjylarynyñ, edebi tankytçylarynyñ arasynda-da uly jedel
döredipdi, powest gysga wagtyñ içinde iki gezek neşir edilipdi.
“Älem ruhy” powesti birbada çuññur ylmy powest ýaly bolup görünýän-de bolsa, onuñ
gahrymanlarynyñ biri Spartak Mahmudowiç Ipatow okyja o diýen düşnükli bolmadyk zatlar
hakynda gürrüñ edýän-de bolsa, ahyrynda eser çylşyrymlylykdan ýönekeýlige gelýär we pikiri,
ideýany şeýle bir sadalyk bilen açýar welin, esli wagtlap bu eseriñ täsirinden çykyp bilmän
gezýärsiñ. Ilki bilen aýtmaly zat, ýazyjynyñ juda çynlakaý hem çuñ pikir edýänligidir. Bu powest
Akmyrat neressäniñ özüne, öz ruhy dünýäsine şeýle ýakyn eser, birbada çylşyrymly, çuñ, ýöne
şonuñ bilen birlikde örän sada hem ýönekeý.
Powestiñ baş gahrymany Tanýa praktikant gyz, ol ýañy durmuşyñ çetinden girýär. Onuñ arassalygy,
sadalygy, asla durmuşa taýyn däldigi başky hereketlerinden hem görnüp dur. Ýazyjy şu sadalygyñ
hem arassalygyñ garşysyna eýýäm uly durmuş tejribelerini toplan hem şeýtana sapak beren diýen
derejä ýeten Ipatowy, ylmy-barlag institutynyñ orta ýaşan işgärini goýýar.
Ipatowyñ edýän gürrüñleri, geçirýñn tejribeleri Tanýa hem onuñ jorasy Maşa juda gyzykly bolup
görünýär. Ýöne Ipatowyñ ahlak hakyndaky ilki biraz üsti örtülen, soñ bolsa has açyk hem bihaýalyk
bilen beýan edilýän pikirleri dura-bara Tatýananyñ gözüni açýar. Tanýa özüniñ aldananyny bilýär.
Emma Ipatow şeýle aldawdan hem aldan her bir adamyñ geçmelidigini, bu durmuşda arassa
ýaşamagyñ mümkin däldigini, arassa ýaşamagyñ kyndygyny ynandyrjak bolmasyny dowam edýär.
Ine, biziñ pikirimizçe, ýazyjynyñ ruhy, ýagny ähli pikir-ündewi, kalp maýasy hem şu ýerde!
Gep ol ýa-da beýleki milletde, milli çygyrlarda, häsiýetde ýa ganda hem däl, gep bütin adamzat
ýaşaýşynyñ özenlerini kesgitlemekde. Bu özende adam, göräýmäge, bir kemsiz ýaşap gelýär, ýöne
ony her döwür bir hili ýagdaýa salýar. Adam özüne, öz kalbynyñ çuñundan gaýdýan arassalyga,
päklige ynanmalymy ýa-da töwereginde bolup geçýän hapaçylyklara uýgunlaşmaly? Ýazyjy şeýle
soragy keserdip goýýar.
Akmyradyñ durmuşdaky hapaçylyklara öwrenişmeli, adamyñ her bir edýän hereketi, eger ol şoña
mejbur bolýan bolsa ahlaklylykdyr diýýän gahrymany Ipatow öz gürrüñdeşlerinden: “Sen düýşüñde
uçýañmy?” diýip soraýar. Eýsem bolsa, bu mesele ylmyñ öñräkden öwrenýän obýekti bolup durýar.
Ýöne şeýle ylmy derñewlerden daş adam bu soraga birbada tisginýär. Sebäbi diýseñ, her bir adam
ýaşlykda, esasan hem çagalyk ýyllarynda düýşde asmana göterilmek, uçmak diýen zady kän
gezekler başdan geçirýär.
Islendik adam eneden ap-akja bolup dogýar, ýüregi ýarylan ýaly aglap gelýär. Sebäbigelinýän ýer
oña nätanyş, gorkuly. Ol ozal ene garnynda, bu ýagty dünýeden üzñe bir ýerde daşy gabalgy ýatyr.
Ýöne ol özüniñ ýaşaýyşa gelýändigine, gelmelidigine, düşünmeýär. Bir günem şol düşünmeýän
dünýäsine gaýyp düşýär. Şondan soñ çaganyñ, ynsanyñ kalbynda kän-kän özgerişler bolup geçýär.
Ol öz çaga päkligi bilen asmana – asmana göterilip gidýär.
Soň durmuş ýowuzluklary ony ýowuzlyga itekleýär. Adamyñ çaga ýüregi gataýar, rehimsizleşýär.
Hatda käte daşa-da dönýär. Ýöne bu durmuşda daşa dönen ýürek bilen ýaşamak mümkin däl. Daşa
dönen ýürek, şeýle ýürekleriñ ýeke däldigine garamazdan, ýeke ýürekdir, ýalñyzdyr. Ýalñyzlyk
bolsa, Akmyradyñ Ipatowynyñ başyndan inişi ýaly, her kimiñ başyndan inip biler. Şonda ony daş
ýürek bilen, töwerekdäki hapaçylyklara uýgunlaşan hem şol hapaçylyklaryñ ýörelgesi bilen ýaşan
ýürek bilen çekmek mümkin däldir.
Elbetde, meniñ gürrüñlerim Akmyrat Şiriñ döredijiligi bilen tanyş bolmadyk adamlar üçin o diýen
düşnükli däldir. Şonuñ ýaly-da, türkmen edebiýatynyñ şu günki ýagdaýy bilen tanyş bolmadyk
adamlar hem bu gürrüñe gereginçe ähmiýet bermezler. Ýöne başga bir hakykatam bar, edebiýat käte
bütin bir halkyñ ruhuny, islegini, hatda gelejegini hem kesgitläp bilýär.
Sergeý Ýeseniniñ inçe lirizme ýugrulan goşgulary rus halkynyñ kalp aýdymydy. Wladimir
Wysockiniñ aýdymlary bolsa şol aýdymyñ belli bir derejedäki dowamy bolup ýañlandy.
Türkmenlerde bolsa, edebiýat işi, söz senedi ýowuz synaglara uçrady. Ýigriminji, otuzynjy
ýyllardan başlanan demir gysaç edebiýaty ne eýläk, ne-de beýläk butnatdy. Ine, ýañam täze bir
eýýýam başlanypdy. Gurbannazar Ezizowyñ, Halyl Kulyýewiñ, Nury Halmämmedowyñ döwri
gelipdi. Ýöne bu döwür edebiýatymyz hem sungatymyz öz galmaly belentligine doly galyp bilmedi.
Annasoltan Kekilowa ýaly zehin öçüp galdy.
Garaşsyzlygyñ öñ ýanlarynda, ondan soñ dörän az salymlyk erkin döwürde bolsa, juda köp zatlara
umyt döreden galkymlar göründi. Bapba Gökleñiñ şygyrlary, Akmyrat Şiriñ kyssasy ýañy okyjylara
ýetip başlapdy. Türkmen edebiýatynda ideologiýa ugry, ýöntemlik yza süýşmelidi. Konýunktura,
çemeçillik, döwrüñ talap edýän polojitel gahrymanynyñ obrazyny döretmek, liriki gahrymanyñ
gaýduwsyz obrazy we beýlekiler baradaky talaplar taşlanmalydy. Ýöntem dialoglarda gahrymanyñ
berk poziciýasyny beýan eden bolmak ýaly, wakalaryñ çuñ social köküni açmazdan akyl satmak
ýaly ýarymçyklyklar ret edilmelidi…
Akmyrat Şiriñ ýazyjy hökmündäki ruhy hut şu nogsanlyklara garşy döräýen ýalydy. Onuñ
gahrymanlarynyñ dialogy çuñdy, pikir etdirýärdi. Hatda onuñ gahrymanlarynyñ tobasy, boýun
almalary hem üýtgeşikdi, ýürege ýakyndy. Onuñ gahrymany “YHLAS BILEN ÜSTI ÖRTÜLEN,
GÖZE GÖRÜNMEÝÄN URUŞ BARÝAR” diýende örän we örän mamaldy. Adam şol urşa girip,
ýeñilmejek bolup ýeñilýärdi. Şol urşuñ adalatsyzlyklarynyñ içinde adalatsyzlyga uýgunlaşýardy we
öz kalbyndaky arassalyklary, hakyky ynsançylyk duýgularyny harap edýärdi hem-de durmuşyñ
adamlar tarapyndan döredilen kynçylyklarynyñ öñünde ýeke-ýalñyz galýardy.
Ýazyjynyñ ruhy “betbagtlyga uçranlar nirä, haýsy ýana ýüz tutmaly? diýip soraýar. “Añyrsyna
ýetdirenler näme etmeli? Olara kim ýardam eder? Adamlaryñ şahsy betbagtlygy bilen haýsy edara
meşgullanýar?” “Adamlar öz durmuşlaryny özleri dowzaha öwürýän ejizje mahluklarmy ýa-da olar
bu ýagdaýdan bir netije çykarmaga ukyplymy? Müñlerçe we müñlerçe adamyň öz janyna kast
etmegine kim günäker? Bir sebäpkär bolmalydyr ahyryn? Bu gülläp ösmeklig-ä däldir, heläkçilige,
betbagtçylyga jogap ýokmy?”
Akmyrat Şiriñ ýazyjy ruhy öz gahrymanynyñ içki dünýäsi bilen birleşýär. Onda ne bir otrisatel,
ýagny ýigrenji “gahryman”, ne-de polojitel, päk ýürekli gahryman bar, olaryñ hemmesi onuñ üçin
deñ hem ýalñyşýan adamlar. Ýöne ýalñyşlyk adamy gutulgysyz bir ýagdaýa salmaly däl ahyryn.
Ine, Tanýa etekde ýatan zibilhananyñ üstünden barýar, üstüni gar basan zibiliñ içinde ýemşikýumşuk bolan maşynyñ kabinasy çalaryp görünýär. Ol şeýle bir ýenjilipdir welin, barmak basar
ýalam abat ýeri galmandyr. Tatýananyñ göwnüni şol maşyna meñzedip, ýazyjy öz ruhuny
ýagdaýyny beýan edýär.
Çisñäp ýagyş ýagýar, ýazyjynyñ ruhy bolsa, gahrymany bilen entäp ýörşüne, piwo satylýan
dükanjygyñ üstünden barýar. Adamlar hapaçylykda oturan ýerlerinden piwo içýärler, serhoş bolup
yranjyraşýarlar. Tatýananyñ hem piwo içesi gelýär, özüni unudasy gelýär, emma hapaçylyga,
serhoşlaryñ porsy ysyna çydaman yza dönýär.
Eseriñ pikir kulminaciýasy ýa-da düýp manysy hem şu ýerdemikä diýýärin. Adam hapaçylykdan,
özüni harlamakdan yza dönmeli. Onuñ üçin iñ ýokary hakykat şundan ybarat.
“Öz töwereginden daş durmaly däl ekeni. Goldaw-ýardamdan aýrylyşasyñ gelmese, öz topragyñdan
– gögeren ýeriñden daş düşmeli däl ekeni. Ruhy iýmitinden kesilmejek bolsañ, hudaýyňdan daş
düşmeli däl ekeni. Men ýokary hakykata barýandyryn öýdüpdim, emma özümi ýok etmäge barýan
ekenim . . .”
Bu gara jadygöý Ipatowyñ tobasy, ýöne ýazyjy muny bütin bir jemgyýetiñ nazary hökmünde öñe
sürýär, onuň şeýle nazarýet hökmünde kabul edilmegini isläp ýanjaýar. Ýogsa, bir ýa iki adamyñ
ýalñyşany bilen we özüni ýeriñ göbegi hasaplany bilen jemgyýete hiç bir howp abanmaýar, gep
şeýle ýowuz keseliñ her bir adama, her bir jemgyýete ýokuşmaga ukyplylygynda. Piwo
dükanjygynyñ hapaçylygynda oturyp piwo içýän adamlar şol hapaçylygy özleri döreden adamlar.
Olar öz yzlaryny süpürjek däller, arassaçylyga gadyr goýjak däller. Şonuñ üçinem olar hapanyñ
içinde oturmany hiç zatça görmeýärler. Ýöne durmuşdaky hapaçylyklar diñe piwohananyñ içindäki
ýa töweregindäki hapaçylyklar bilen çäklenmeýär. Ol seniñ hapaçylyga kaýyllygyña görä artyp hem
harman ýasap gidip otyr.
Hapaçylygyñ içinden geçip, ýene hapaçylyga gaýdyp gelmek hem bar. Oña öwrenişýänlerem
ýeterlik. Ýöne ýazyjynyñ düýp-teýkary bilen hapaçylyga, ejizlige, nalajedeýinlige garşy ruhy beýle
öwrenişmäni ret edýär. “Sen üýtgäpsiñ, sen indi başga” diýip, Tatýana ýol ugrunda gabat gelen ýaş
ýigit aýdýar. Tatýana bolsa oña: “Gepem şonda” diýip jogap berýär.
Hawa, gepem şunda. Adam üýtgemeli, ol hapaçylyga, aldaw- hilelere, öz-özüñi ahlaksyzlyga
öwrenişdirmäge kaýyl bolmaly däl. Ol hapaçylykdan soñam ýene öñki päkligine, arassalygyna
gaýdyp gelip biler. Birneme ýowuzlaşar, gatar, endamyny hem berkider, häsiýetini hem. Emma
munuñ asla zyýany ýokdur, gep asyl päkligiñe, zandy arassalygyña, hakyky ynsan bolup ýaşamaga
gaýdyp gelmekdedir. Sebäbi diýseñ, gep seniñ haýsydyr bir ylmy institutda ýa-da mekdep
çagalarynyñ gykylygynyñ içinde işläniñde däl, gep adama mahsus arassa duýgularyña wepalylykda.
Ata-babalaryñ päkligine wepalylykda.
Akmyradyñ ýazyjy ruhy mende şeýle pikirleri oýarýar we mydama belent duýgulara, gowy, dürs
adam bolup galjak bolmaga, adamkärçiligimi saklamaga itergi berýär.
Ýazyjy Tirkiş Jumageldi 75 ýaşady (05.10.2013)
Türkmenistanda galamyna, senedine ygrarlylyk edip, awtoritar režimiň öňünde ýaýaplamadyk az
sanly intellektuallaryň biri Tirkiş Jumagledi 75 ýaşady.
Ol öz professional pozisiýasy, prinsipiallygy üçin türkmen häkimiýetleri tarapyndan gara sanawa
salnan, S.Nyýzowyň “altyn asyrynda” we G.Berdimuhamedowyň “berkarar-bagtyýarlygynda”
okyjydan daşda, gadaganlyk diwarynyň arkasynda saklanýan esasy ýazyjylaryň biri hasaplanýar.
Bu onuň režimiň örän ätiýaç edýän, çekinýän, şol bir wagtda-da talantyny gadaganlyk bilen ykrar
edýän ýazyjylarynyň biridigini aňladýan bolsa gerek.
Belki-de bu hakyky ýazyjy üçin iň uly sylag-baýrakdyr. Sebäbi ozal “ruhnama” boşlugy, häzir bolsa
“derman ösümlikler” galmagaly bilen bir akaba sygmazlyk, has dogrusy sygdyrylmazlyk köp zady
aňladýar!
Şahyr aýtmyşlaýyn, “sesiň sesimize gelenok diýip, gargalar bilbili hordan kowdular”.
Tirkiş Jumageldi 1938-nji ýylyň oktýabr aýynda Mary etrabynda dünýä indi.
Ýazyjynyň ilkinji eserleri 1957-nji ýyldan çap edilip başlandy.
Ol Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başynda hiç zat diýip-aýtmazdan gadaganlyga
salynmazyndan öň onlarça kitabyny neşir etdirdi we okyjylaryň uly böleginiň söýgüsini gazandy.
Tirkiş
Jumageldiniň
eserleri
daşary
ýurtlarda,
onlarça
dilde
kitap
edilip
çykaryldy.
Türkmenistanly kitap muşdaklary onuň “Bagrymyzyň badaşany”, “Janserek”, “Daşrabat”,
“Mähekdaş”, “Gara ýyldyrym”, “Howsalaly tomus”, “Çaknyşyk”, “Arkadag”, “Gelneje”, “Ömür
dawasy”, “Başagaý”, “Jenaýatyň bosagasynda”, “Ýanan gelinler”, “Ömürzaýa” ýaly eserlerini şu
günlerem arzylap saklaýarlar.
Ýazyjynyň “Gorky belasy”, “Milli oýun” ýaly kitaplary bolsa gizlinlikde, elden-ele geçirilip
okalýar.
Tirkiş Jumageldi 74 ýaşynda Azatlyk radiosy bilen söhbetdeşlikde özüniň S.Nyýazowyň syýasatyna
garaýşy barada şeýle diýipdi:
“Men Nyýazowyň syýasatyny Sowet Soýuzy mahalynda, ol Kompartiýanyň birinji sekretaryka-da
goldamadym, soňam goldamadym. Men goldamaýandygymy mümkin bolan hajatynda Nyýazowyň
ýüzüne-de aýdýardym. Şunuň özem eýýäm Nyýazowyň içinde men babatda kitüw saklamagyna
sebäp bolupdy. Ýöne şu ýerde başga bir ýagdaýam aýdaýyn: Nyýazow meniň adymy ähli ýerden
öçürdenem bolsa, gazançdan mahrum eden-de bolsa, maşgala agzalaryma azar ýamanyny berdirende bolsa, geň galmaly ýeri, 11 ýylyň dowamynda daşary ýurda çykmaga ýolumy baglamandy…”
Türkmenistanda Tirkiş Jumageldä we beýleki prinsipial ýazyjylara girizilen gadaganlyk, hakyky
talantlaryň we il-güne hakyky pikir aýdyňlygyny, düşünje giňligini getirjek kitaplaryň öňüne
basylan nadanlyk böwedi, diktatura was-waslygy bilen galňadylan gara diwar S.Nyýazow ölüp,
onuň “ruhnamasy” taryhyň çukuryna tarap el tersi bilen süýşürilenden soňam aýrylmady.
Ýöne bu diňe wagt meselesi, ol gün geler; halk içinde aýdylyşy ýaly, “Gum böwet sil saklamaz!”
Ussat ýazyja kärdeşleriniň, dostlarynyň, ygrarly okyjylarynyň adyndan uzak ýaş diläp, ýeneki
döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin.
Tirkiş halypa, şu wagta çenli bolşuň ýaly, hemişe başyň dikligini göreli!
Bagtly köşk şahyry, betbagt Magtymguly we biz biçäreler (29.09.2014)
Telewizorda “Oguzkent” köşkler toplumynyň baş şahyry goşgy okaýardy:
“Herki zada gerek eken tagapyl,
Gezdim ýoly, pähim bilen, daraman.
Taňrysy türkmeni etmedi nadyl,
Döredi ilinden tagtly Süleýman.
Muhabbet Ol, mähriban Ol, mylaýym,
Söýgi siňen silli umman meňzinde.
Altyn baş bakyýa barsyn ylaýym,
Hiç bir güýji goýup bolmaz deňinde.
Gahryman Zürýady inderdi Ene,
Durlady, dürledi günleň hanasyn.
Edermenligini ýetirmen çene,
Dünýä ykrar etdi danaň danasyn…”
“Kaka, kaka, telewizory öçür, Dawleniýeguly aga gelýär” diýip, gyzym gapydan kellesini sokup,
çalajadan, emma eşidiler ýaly edip aýtdy. Onuň Dawleniýeguly aga diýýäni köneden gatnaşýan
kärdeşimdi. Ol birki ýyllykda möwç alýan propagandadan basylyp, “Dawleniýeguly” diýip, edebi
lakam alaýsam öýdýän” diýipdi we şondan bäri onuň adyny, özi ýokka “Dawleniýeguly” diýip
tutýardyk.
Kärdeşim gapydan girip, salam-helikden soň: “Näme, saňa-da telewizor görmegi gadagan
etdilermi?” diýdi.
“Ýok-la, men telewizory meýletin görmeýänlerden” diýip, men gülen boldum. “Berkarar döwletde
telewizor görmek nämä gerek, şeýle-de wagtym hoş geçýär meniň-ä…”
“Hä, şeý diýsene!” Kärdeşim içinden dyňzap duran gaharyny basyp, gyzymyň öňünde getirip goýan
çaýly çäýnegine seredip, çalajadan hüňürdedi: “Iki sany ýuwan diktator tirkeşip geldi-de, türkmeniň
berkarar döwlet, döwletlilik arzuwyny öldürdi öýdýän…”
Men onuň ýüzüne “näme üçin beý diýýäň?” diýen manyda soragly seretdim.
“Masgarabaz gapyrjakdan başga döwlet, döwletlilik gürrüňini agzaýan ýok indi. Ýa-da ‘döwlet,
berkararlyk, bagt’ diýen sözleri diňe ýaňsylap aýdýarlar. Käbir adamlar “Döwletsiz ýa koloniýa
döwrümizem mundan kän gowudy” diýýärler.”
Kärdeşimiň “masgarabaz gapyrjak” diýýäni radio-telewideniýedi. Men: “Näme, il içinde ozal
döwlet, döwletlilik hakynda kän gürrüň edilýärmidi?” diýdim.
“Bir döwlete gulluk etsek, bäşimiz” diýip, Magtymguly şahyryň ahy gulagymda ýaňlanyp duransoň,
ilem özüm ýalydyr öýdýädim, ýa beýle-de dälmidi?” diýip, kärdeşim meniň soragyma sorag bilen
jogap berdi.
“Häzirki ýagdaýyň agyrdygy bilen ylalaşýan, emma ‘döwletsiz, koloniýa döwrümiz’ mundan nädip
gowy bolýar, şoňa düşünmedim?”
“Aý, o wagt bolmanda ‘döwletimiz ýok, ýa koloniýa astynda, ygtyýarsyz ýaşaýarys’ diýip, özümizi
aklap bilýärdik…” Kärdeşim ysgynsyz güldi.
“Özüňi aklap bilseň, boldugymy? Gep özüňi aklamakda bolsa, häzirem müň bahana tapyp bolar-la,
mysal üçin, olaryň türmesi-töhmeti, polisiýasy, müňläp ýallakçy ýaşulusy bar we ş.m.ler.”
“Aý, öň bolmanda sylaýan şahyrlarymyz bardy, Magtymgula, onuň şägirtlerine, aýdym-sazymyza
guwanýardyk…” Kärdeşim ýene ysgynsyz güldi.
“Magtymgula, onuň şägirtlerine, aýdym-saza häzirem guwanyp bolýar, ýa olary gadagan
etdilermi?”
“Aý, gadagan eden bolsalar, mundan gowy bolardy. Indi şolaryň derdinden öýde ne gazet-žurnal
okap bolýar, ne-de radio-telewideniýe diňläp bolýar…” Kärdeşimiň gözlerindäki ysgynsyz gülkiniň
ýerini birden gahar çylgymlary aldy.
“Gazet-žurnal okamanyň, radio-telewideniýe diňlemäniň bilen, ýitirýän zadyň ýok şu ýurtda, gaýta
utýaň, milletiň sähel aň-üşüklisi başga ýurtlaryň telewizoryny görýä” diýip, men kärdeşimi
köşeşdirmäge çalyşdym.
“Wah, endik gursun, çagalaryň tualete taşlan gazetlerini okap, şol ýerde dawleniýäm galyp, tas
ölüpdim…” Ol ýene ysgynsyz güldi.
“Gaharyňy getirip ýörme, gaýta şeýt-de gül” diýip, men onuň ýüzüniň öňki reňkine gelenine görüp,
biraz ynjaldym.
Kärdeşim jübüsinden kiçijik edip eplenen gazet bölegini çykardy-da, ownuk harpda çap edilen
goşgy setirlerini hetjikläp okamaga başlady:
“Aýlana-aýlana geldi bu zaman,
Ynanmak kyn düýşlügine, huşlugna,
Ýurduň abadandyr, illeriň aman,
Bir ýylgyryp baksaň bolýa buşlugma…”
Kärdeşim okan goşgusynyň awtorynyň adyny tutup, hapa sögündi. “Beýle-de haýasyzlyk boljak
eken! Magtymgulyň adyny tutmaga utanmaly halyna, ondan buşluk dileýär. Nämemiş, Pyragynyň
ilinde “merdana gerçek” döränmiş, onuň arzuw-hyýallaryny wysal eýlänmiş…”
Men onuň ýüzüniň ýene agaryp başlanyny görüp, elindäki gazeti alyp zyňjak boldum, emma ol
derrew gazetli elini arkasynda gizledi.
“Yzyny diňle, biz bir ildik ahyryn, dostum! Biz bir milletdik ahyryn! Intelligentsiýamyz bar
diýýärdik ahyryn! Bu nähili beýle bolýar? Magtymguly “Orramsydan bolan haramhor begler, ýurdy
bir ýanyndan ýyka başlady” diýip bilýär-de, biz näme üçin ýurt talaňa düşende, öýümizde busýas?
Näme üçin nadaralara münberi berip, aýalymyzyň arkasynda bukulýas?..”
Men näme diýjegimi bilmän dymdym. Birdenem ol öňümde ýatan pulty aldy-da, düwmesine basdy.
Telewizordaky köşk şahyry goşgy okamagyny dowam etdirýärdi:
“Ýetilen bagt bu, mizemez binýat,
Muny bagtlylar göräýmelidir.
Mähriban, Gahryman, Arkadag Zürýat,
Pyragyly ýurtdan dörämelidir…”
Kärdeşim başyny ahmyrly ýaýkady: “Ýeri, Magtymgulyny bir goý-da, degme-dä oňa, mukaddes
mazara hapaňy zyňma-da!.. Bu milletiň nurana ýurdundan başga ýeke mukaddesligi –
Magtymgulysy bar ahyryn, oňam üstüne s…”
Men ýüzi agaryp, essi aýylyp barýan kärdeşimiň elindäki pulty alyp, telewizory öçürdim, ýöne onuň
arkasyna elimi diräp ýetişmedim. Meniň sesime ylgap gelen gyzym serlip ýatan Dawlwniýegulyny
görüp, derrew “Tiz kömege” jaň etdi.
G.Ezizowyň hakykaty (06.11.2014)
Şahyr Gurbannazar Ezizow “Il içinde çekdim ýekelik derdin, (Ýekelik derdini çekenler biler)”
diýipdi.
Ol ýene “Söýüň meni, ýürek söýgi küýseýär” diýipdi. Eýsem biz G.Ezizowy, öz şahyrymyzy
söýýärismi? Eger ol hakda ýazylan makalalary, oňa “dost bolanlary” sanasaň, G.Ezizow biziň iň
söýlen şahyrlarymyzyň biri.
Ýöne şahyr ýogalandan soň ýazylan “ýürek sözlerinde” G.Ezizowyň hakykatyna, onuň şahyrana
aladalaryna, has dogrusy Gurbannazary aldym-berdime salan “demir kapasa” näderejede ýakyn
barylýar? Şahyr hakynda aýdylan belent sözler bilen şahyryň öz hakykatynyň, öz ýanan ýa gorkan,
ünji eden zatlarynyň arasynda nähili tapawut bar?
Ol bize “söýgi bilen ýüzlenýän günleri sözlerini kesä çekmezligi” haýyş edipdi. Diýmek, onuň
sözlerini kesä çekenler hem bolupdy, ýogsa ol beýle haýyş etmezdi (Ol ýogalandan soňky kesä
çekmeler, ony diňe öwjek bolmak, oňa diňe dost bolup görünjek bolmak ýa onuň dosty hökmünde
özüňi magtamak tendensiýasy, birtaraply gykylyk şahyryň ruhuny ynjytmadymyka?). Ol:
“Söýüň meni – ähli erki hem durky
Bilen size tarap ýollar çekeni.
Ýeke özüň söýüp ýörseň elmydam,
Birazajyk agyr düşjek ekeni” – diýipdi.
Ol öz okyjylaryna “şalaryň elinden gelmejek serpaý” galdyrmagy wada beripdi.
Dogrudanam, G.Ezizow bize şalaryň elinden gelmejek serpaý galdyrdy. Emma biz ol serpaýa
düşünmekde, onuň mirasyny yzdan gelýän nesillere dogry düşündirmekde şahyra mynasyp iş
etdikmi ýa-da bu ýerde entek jedelleşmeli, çekişmeli meseleler hem barmy?
Türkmende gowy, juda jaýdar aýdylan nakyllar, atalar sözleri bar. “Agyz agyzdan ýel alar” hem
şolaryň biri. G.Ezizow babatda hem şeýle boldy, onuň beýikligi, goşgularynyň üýtgeşik
owadanlygy, pikire hem duýga baýlygy, hiç wagt gaýtalanyp bilinmejekligi… barada kän makala
ýazyldy. Emma G.Ezizowyň özi öz beýikligi hakynda beýle beýik pikirde bolmandy. Ol “Şöhrat”
atly goşgusynda “Şol gelin meň ygtyýarym, Erkimi almasa ýagşy” diýipdi. Ýa-da bolmasa, şahyryň
ilki özüne juda gazaply, berk daraşyp, soň wada, özüni köşeşdirmek bilen jemleýän bir goşgusyna
bile seredip göreliň:
“Örän aýdyň hem çuň bir hakykat bar:
Diriler ölüpdir, diriler ölýä.
Ýöne şol ölenler müň ýyllar ötüp,
Başga biri bolup inýär bu dünýä.
Beýle bolsa kimkä meniň geçmişim?
Şahyrmykan?
Aşykmykan?
Ýa daýhan?
Ýa ol namartmykan çyn sözden gorkýan,
Hem gorkusy üçin çyn söze duşman?
Eger şahyr bolsa, meniň şygrymy
Özüm bolup menden gizlin okýandyr.
Ejiz şygrym üçin saçlaryn ýolup,
Menligine ajy gözýaş dökýändir…”
Bu goşgy “Geşmişiň öňünde uly bergim bar, geljegiň öňünde uly bergim bar” diýen jemleme bilen
gutarýar. Ýöne gep munda däl, gep şahyryň öz goşgusyny “ejiz” atlandyrýandygynda, çyn sözden
gorkýan we şol gorkusy üçin çyn söze duşman – namart bolmazlyk barada hakykatdan hem alada
etmeginde we şol aladasyny daşyna çykarmagynda!
Mälim bolşy ýaly, islendik şahyr belli bir derejede filosof, akyl gözlegindeki adam bolýar. Akyl
gözlegindäki adam bolsa, çuňluga, paýhasyň açyk deňzine ymtylyp, döwürdeşlerinden, hatda
döwlet başynda duran, egnine il-ýurt aladasy düşen ärlerden hem akyl taýdan öňe gidýär. Bu ýagdaý
oňa köp zady, belki-de döwrüň ajy hakykatyny, kemçiliklerini has aňyrdan, töwerekleýin, kökleri
we sebäpleri bilen görmäge kömek edýär. Emma ol şol gören zatlaryny aýtmaga gorkmasa, ýa-da
olary aýtmagyň ugruny tapsa, bilenini içine salyp dymmagy başarmasa ýa söz owadanlap, göze çöp
atmagy saýlap almasa, diňe şonda beýik şahyr bolýar.
Ol:
“Eger aşyk bolsa, söýmediklerme
Söýýän diýenime ýanyp-bişýändir.
Ol meniň ruhumyň kazysy ýaly,
Öz päkligi bilen maňa duşmandyr” – diýende, ýa-da:
“Gije-gündiz şahyr, aşyk hem daýhan
depämden seredip goýmaýar meni” – diýende, diňe söz oýnadandyr, kiçi dilden bärki kiçigöwünlik
bilen okyjynyň uguny ýekelejek bolandyr öýtmeýärin.
G.Ezizow okumyş, şol bir wagtda özüni, öz ýoluny gözlän şahyr, onuň şol okumyşlygy, özüni
gözlemegi hem türkmen poeziýasy üçin täzelik bolupdy. Onuň kämillige ymtylmagy, şol kämillik
barada ýazmagy hem täzelik bolupdy.
“Agşam ýazan oňat setirlerňizden
säherler oýanyp närazy boluň” – diýip, ol kalplary durşuna gaplan gazaply kazylaryň,
närazylyklaryň üstüni basyrmaga garşydy.
“Närazylyk – örän oňat duýgudyr,
Ýöne bu duýgyny gazanmak kyndyr.
Ol – uly şahyryň böwründe hanjar,
Ejizleriň hanjarynyň gynydyr.”
G.Ezizowyň pajygaly ölüminden soň geçen onýyllyklarda ýazylan zatlarda, “agyz agyzdan ýel
alyp”, şol bir sydyrgyn pikirler öňe sürüldi. Ýagny şahyr bu hili närazylyk setirlerini diňe “sen
özüňden näçe närazy bolsaň, Il senden şonça-da razydyr razy” diýen talap esasynda ýazan ýaly
edilip görkezildi.
Emma şahyry “ejizlik”, öz çyn sözüni aýdyp bilmek derejesine göterilip bilmezlik meselesi
horlapdyr, wyždan azabyny beripdir diýen welin, meniň ýadyma düşenok.
Ol Magtymgula ýüzlenip, “Pyragy, seň ýaly merdana ärde//Şahyr bolmazlyga çäre ýok eken”
diýipdi.
“Seniň döwrüň, özüň bilýäň, agyrdy,
emma şeýle böleşdiler bu derdi:
Kiçi ýürek onuň kiçi bölegin,
Uly ýürek ulusyny göterdi…”
Emma şahyr Magtymgulynyň döwrüniň agyrdygyny nygtap, öz döwründe gazet nobatynyň
uzaýandygyny, köp zatdan “razydygyny” aýtsa-da, “Sag bol, durmuş” diýse-de, halypasy bilen
ikiçäklikde ýene “Ähli döwürleriň haýyr, şer işi, Maňzy, Asly, Durky bilen meňzeşdir” diýen pikire,
belki-de asyrlar bäri şahyryň öňünde duran gara gyýçak diwara ýüzüni urýar. Onsoň ol gönileýär:
“Şahyr bolmaz ulus ili güýmänler,
Adamlary özgerdýänler şahyrdyr.”
Hawa, Magtymguly “Şalar adyl bolmaz, daglar dumansyz” diýipdi. Ol bizi özgertmek üçin şalaryň
adyl bolup bilmejegini açyk, bassyr-ýussursyz aýdypdy. “Şa gyzyny alma, huda ýazmasa, hana
hemra bolma, päliň azmasa” diýipdi. “Orramsydan bolan haramhor begler, ýurdy bir ýanyndan ýyka
başlady” diýipdi. “Eý, ýaranlar, o dünýä baran bar-da, gelen ýok, Öli, diri halyndan habar-hatyr
bilen ýok” diýipdi. Ol kän zat diýipdi. Ýogsa, G.Ezizowyň hem aýdyşy ýaly, onuň döwri agyrdy,
emma gep döwürde däldi, G.Ezizowyň örän jaýdar aýdyşy ýaly, kimiň nähili ýüki egnine
alýanlygyndady, ýagny hemme döwür “Maňzy, Asly, Durky bilen meňzeşdi”.
“Han-begler, şazada, şalar ölýärler, halk aglaýar şahyryny ýat edip” diýen G.Ezizow, meniň
pikirimçe, şu zatlara düşünensoň, öz şygrynyň ejizligi ýa-da ejiz çykmazlygy barada, çyn sözden
gorky we şol gorky sebäpli çyn söze duşman bolmak barada ünjä galan bolmaly. Ol şol ünjüsi üçin
hem öz-özüne wada beren, özüni köşeşdirmäge synanan ýaly görünýär: “Dünýede çyn sözüň
sarpasyn saklap, Çyn söz üçin özüm ederin gurban.” “Ölsem, dogry sözüň şo duşmanyny – Inkär
eden meni öper bu ýerim…”
Hawa, şahyr bolmak diýmek, Gurbannazar şahyryň örän dogry kesgitleýşi ýaly, dogry sözüň
duşmanyny inkär etmek diýmekdir. Şu sepäpden halk, onuň ynanjyna görä, şalary, hanlary däl,
şahyrlaryny ýatlap aglaýar. Diýmek, şahyr bolmak şalykdan, hanlykdan has belent dereje. Ýöne bu
dereje hemme beýik bolasy gelene ýa eline galam alana ýetdirmeýär, ýetdiren halatynda bolsa uly
pidalary, zyndan, kemsidilme, garyplyk, sergezdanlyk, belki-de biwagt, armanly ölümi talap edýär.
Herhal, şahyr hakyky bolanda, mert hem merdana bolanda, ol özüne hakdan gelen ykbaldan
“esgiler, dokluk” üçin ýüz öwürmeýär, Ezizowyň “Halas ediň” goşgusynda aýdyşy ýaly, ähli
artykmaçlykdan halas bolmaga, “halas ediňden” halas bolmazlyga çagyrýar we ilki özi şol çagyryşa
wepaly galýar. Eger gönülesek, bu G.Ezizowa, sowet diktaturasy astynda ýaşan we döreden,
“sosialistik realizmiň” esgeri, sowet hökümetiniň nukdaý nazaryndan “adam ruhunyň inženeri”
bolmaly bolan şahyra başartdymy? Ol şol döwrüň ajy hakykatyny baýdak edip depesine galdyryp,
baýryň depesinde pulemýotyny guran duşmana garşy, eli galamly, deň bolmadyk söweşe girmäge
het etdimi?
Eger onuň edebiýata gelen döwrüni, Sowet Soýuzynda Staliniň paş edilmegi bilen dörän
maýylganlygy ýadymyza salsak, bu ýerde şahyr, ýazyjy, intellektual ymtylyşy üçin, azajygam bolsa,
şert bolupdy…
Dar pikirlenişe sygmadyk şahyr (02.02.2015)
Ahmet halypanyň (Gurbannepesow) aradan çykanyny bir gün soň eşitdim we ýerine görnüp, şol
ýerden hem gonamçylyga, şahyryň mazaryna zyýarata gitdim.
Ol meniň ilkinji goşgularymy okadan halypamdy. Şonda beren pendi şu günki ýaly ýadymda, ol:
“Goşguda gaharly, ýakymsyz sözleri, ýa-da kimdir birine gönükdirilen jabjynmany ulanmajak bol,
soň ol sözler seniň gaharlanan adamlaryňa däl, özüňe häsiýetnama berer” diýipdi.
Gonamçylyga baryp, şahyryň gyzyl gumy solmadyk täzeje mazarynyň başynda dyzyma çökdüm:
“Bagyşla, halypa, tabydyňy egnime alyp bilmedim, mazaryňa bir pil gumum ýetmedi…”
Ol 1990-njy ýylyň martynda, Gurbannazar Ezizowyň 50 ýaşyna gabat “Edebiýat we Sungatda” çap
edilen makalasyna “Adamlary özgerdýänler şahyrdyr” diýip at goýupdy. Ol bu sözbaşyny şondan
bäş ýyl soň, G.Ezizowyň “Saýlanan eserlerine” ýazan makalasynda hem gaýtalapdy.
Halypa şol makalasynda tanaýan, belet adamyň hakynda, halypaň hakynda ýazmagyň berýän agyr
hupbatyny boýun alypdy. Ahmet Gurbannepesden haýyş edişleri ýaly, menden halypam hakynda
makala ýazmagy haýyş eden ýok, eger şu ýazyp oturan zatlarymy ýazmasam, men sebäpli
redaktoryndan käýinç aljak gazet işgäri hem ýok. Indi o döwürler geçdi, şahyrlar hakynda makala
zakaz edýän, olara dogry baha berilmegi, milli edebiýata hyzmat etmegi beýik borç bilýän adamlar
hem bara meňzänok. Ahmet halypa ömrüniň soňky 15 ýylynda iň ejir beren zat hem şu bolan bolsa
gerek.
Men, eger ýazmaly diýseler, şahyr hakynda näme ýazardym diýip oýlandym. Huşuma üzlemsaplam ýatlamalar geldi.
On ýyl çemesi öň, kioskdan gazet alyp gelýänimi görüp, ol: “Näme üçin gazet alýaň, olarda goşgy
ýog-a?!” diýipdi. Men “Edebiýat we Sungatyň” goşguly sahypasyny açyp görkezipdim. Ol gaşyny
çytyp, başyny ýaýkapdy: “Içinden bir setir tapmarsyň, okabam oturma…”
“Içinde bir setir bolmajak bolsa, näme üçin ýazýarkalar?” diýip, men oňa morta beren soragymy
ýatladym.
“Akmagyň gürläsi, görnesi, akyllyň dymasy gelermiş…” Ol şeýle diýipdi.
Ol G.Ezizow hakyndaky makalasynda “Poeziýa meýdanyna ynsap bilen girmeli, halal ädimler
bilenem ýoluňy dowam etdirmeli” diýip ýazypdy.
Ahmet halypa ýetim ulalan, durmuş güzabyny ýaşlykdan gören adamdy, emma ol ýurt garaşsyzlyga
çykandan soň, diktatura sebäpli, has ýetim galdy, has kän horlandy, garyp ýaşady, garyp öldi.
Sebäbi ol, öz sözleri bilen aýtsak, “senedi harlaman, ony ýaranjaňlygyň, ýeňil ýaşamagyň guraly
edinmän, çirksiz ynsap bilen işlemegiň” tarapdarydy.
Men bir gezek ondan “Bizde ideologiýa şahyryň ýakasyny goýberermi? Biz haçandyr bir gün öz
hakyky ýazjak zadymyzy ýazyp bilerismi?” diýip soradym.
Ol ýylgyrdy: “Medala, at-derejä, kwartira kowalaşmasaň, ýazyp öýde goýubermeli…”
“Baýdak” kitabyňdaky goşgulary okadym, täzeden… Soň Gurbannazary okadym… Şol wagtam
ideologiýanyň täsiri güýçli eken…”
“Bilýäňmi näme, Gurbannazar Büzmeýiniň NKWD obasynda doglan… Menem Büzmeýinde, uruş
ýyllary doglupdyryn. Onsoň uruşdan soňky ýyllaryň horlugy ömür içimizde galdy… Biz ýene-de
bir zatlar pikirlenjek bolduk, bir zatlar döretjek, bir zatlar galdyrjak bolduk…”
Men onuň Sergeý Ýeseninden eden terjimelerini maşynymda, ýanymda göterýärin. Bir gezek ol,
2001-nji ýyldady öýdýän, tötänden maşynyma münüp, daşy berýoza suratly gyzylja kitapçany
görüp, çaga ýaly ýylgyrdy. Men onuň kitaby eline alyp, açan sahypasyny gözümiň gytagy bilen
gördüm-de: “Goşgyň ilkinji bendini oka” diýdim.
Ol geňirgenip ýüzüme seretdi-de, pessaý ses bilen öz terjimesini okamaga başlady:
“Biz munda galmagyň tapmadyk tärin,
Kem-kemden gidýäris jahana sygman,
Basym menem ýola çykmaly borun,
Bu panydan galan-gaçanym ýygnap.”
Men ony elim bilen yşarat edip saklap, goşgyň yzyny ýatdan okamaga başladym:
“Aladadan dynmak bardyr ölümde,
Ýöne o dünýede bahar ýok, gül ýok.
Bu ötegçi mähelläniň öňünde
Şoň üçin gussamy gizläp bilemok.
Men ýurdumy söýdüm, aýdym döretdim.
Rahatlyk diledim asmanda guwa.
Söwütleň gollary rahat seretsin,
Şapak reňki siňen melewşe suwa.
Hakykaty gizlemedim, dymmadym,
Aýdymymy diňläp geçdi her geçen.
Bu hyýrsyz dünýede, çytyk dünýede
Bagtly men dem alyp ýaşanym üçin…”
Ol meni eli bilen yşarat edip saklady-da, özi bilen gürleşýän ýaly edip: “Dymdyk-la, dymmaly
bolduk-la” diýdi. “Ýöne dem alyp ýaşajak bolanymyz çyn, pijkirlenjek bolduk, emma bagtly
boldukmykak?”
Ahmet halypa bir gezek maňa “Sen näme galstuk dakynaňok? Akja köýnek, gara penjek geý,
galstuk dakyn, prezident hakda goşgy ýaz, redaktor bolarsyň, baýrak alarsyň” diýipdi.
Men onuň bu sözleri çyny bilen diýenini ýa oýun edýänini biljek bolup, ýüzüne çiňerilipdim.
Ol şonda ýylgyryp: “Oýun edýän” diýipdi. Soňam gülmän-yşman sözüniň üstüni ýetiripdi:
“Galstuksyz, tahýasyz şahyr bolsaň, medalsyz ölmäge hem taýýar bol!”
Ahmet halypa “her kimiň öz ýüküni götermelidigini, “geçiňem, goýnuňam öz aýagyndan
asylýandygyny” bilýäris” diýip ýazypdy. Men oňa bir gezek Sergeý Ýeseniniň “Şahyr” goşgusyny
aýratyn gowy görýändigimi, onuň türkmençä terjimesiniň gaty gowy çykandygyny aýdypdym.
“Ol şahyr, duşmanyn namyrat goýsa,
Hakykaty enesinden eý görse,
Il-güni doganny söýen dek söýse,
Bu ýoldaky pidalara eýgerse…”
Ahmet halypa ýylgyryp: “Pidalara eýgermek diýmek dilde aňsat” diýipdi.
…Men mazaryň başyndan turup, ýene bir gezek şahyrdan ötünç soradym: “Bagyşla, halypa,
tabydyňy egnime alyp bilmedim, mazaryňa bir pil gumum ýetmedi!”
Arslan Baba
Propaganda we pagta bagtsyzlygy (24.11.2012)
Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 24nji noýabrda pagta önümleriniň Aşgabatda geçirilýän
halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag bilen
ýüzlendi. Gutlagda aýdylmagyna görä, türkmen
pagta önümleriniň Aşgabatda geçirilýän II halkara
sergi-ýarmarkasy ýurduň oba hojalygynyň, pagta
işläp bejerýän senagatynyň, pagtaçylyk pudagyndaky ylmy barlaglaryň gerimi, bu ugurda gazanylan
dünýä tejribelerini Türkmenistanda ornaşdyrmak üçin ähmiýetli bolar.
Prezident Berdimuhamedow öz gutlagynda Türkmenistanyň dünýäde pagtaçylygyň iň gadymy
ojaklarynyň biridigini hem nygtaýar.
Mälim bolşy ýaly, pagtaçylyk Türkmenistanda esasan sowet döwründe, öňki SSSR-iň strategiki
ekini hökmünde, harby maksatlar we ýurduň pagta ekilmeýän ýerleriniň ilatyny geýindirmek,
galyberse, pagta süýümini daşary ýurtlara eksport etmek üçin ösdürildi. Şol döwürde köplenç aýalgyzlar we mekdep okuwçylary tarapyndan el bilen ýyglan ýüpek pagta respublikanyň öz içinde dälde, Orsýetiň Iwanowa şäherinde işlenip bejerilýärdi we türkmenlere mata, geýim-eşik görnüşinde
satylýardy. Aslynda pagta planyny belleýänem, oňa nyrh kesýänem Moskwady, türkmenlerden diňe
plany dolmak talap edilýärdi.
Türkmen intelleektuallarynyň arasynda pagta we onuň türkmen durmyşyndaky roly barada dürli
pikirler bar. Bir pikire görä, pagtaçylyk 20-nji asyryň başynda garyp güzeranda, ýetde-gütde
durmuşda ýaşan türkmen obalaryna, näme-de bolsa, çörek berdi we adamlary ýamaly eşikden
çykardy. Şol bir wagtda, pagtaçylygyň täze tipli obalaryň, ýollaryň, infrastrakturanyň
gowulanmagyna oňyn täsiriniň bolandygy aýdylýar.
Ikinji tarapdan, pagtaçylygyň halkyň boýnuna zor bilen dakylandygy we beýleki ekinlere, halkyň
aňyrdan gelýän ekerançylyk, maldarçylyk medeniýetine agyr zarba urandygy aýdylýar. Mysal üçin,
Garagum kanaly bir tarapdan täze ekerançylyk ýerlerini açmaga, köp sanly iş ýerleriniň
döredilmegine mümkinçilik beren bolsa, ikinji tarapdan, ýerleriň görlüp-eşidilmedik derejede
şorlamagyna, tebigata düzedip bolmajak zyýan ýetirilmegine sebäp boldy. Şol bir wagtda,
pagtaçylygyň türkmen halkynyň sowet magaryf sistemasyndan alyp biljek peýdasyny, gazanyp
biljek utugyny köp derejede azaldandygyny, netijede türkmenleriň beýleki sowet halklaryndan kän
yza galandygyny aýdýanlar hem bar.
Türkmenistan wagtyň emri, ýagny SSSR-iň öz-özünden dargamagy netijesinde garaşsyz ýurt
bolanda, pagta monokulturasy soňlanar, onuň türkmen obalarynda ýaşaýan çagalaryň geljegini
ogurlamagy tamamlanar öýdülipdi.
Elbetde, munuň üçin ýurduň ykdysadyýeti diwersifikasiýa edilmelidi, hakyky bazar ykdysadyýetine
geçilmelidi, adamlar ýere, emläge eýe bolup, öz işlerini gurup, gurplanyp bilmelidi. Emma bu zatlar
bolmady. Has dogrusy, S.Nyýazowyň “täze oba syýasaty” diýilýän sowet döwründe halkyň daban
azaby bilen toplanan kolhoz-sowhoz malyny, tehnikasyny talaňa salmaga giň ýol açdy. Nyýazow bu
ýagdaýy ölmezinden biraz öň belli derejede boýun aldy, ýagny öz işe bellän ýolbaşçylaryny iş
bilmezlikde, tanyş-bilişlige we beýleki nogsanlyklara ýatmakda hem “ýeriň eýesini tapyp
bilmezlikde” günäledi.
G.Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelende oba hojalygyny dikeltmek üçin näme edilmeli bolsa
etmegi wada berdi. Emma ol daýhanlaryň asyrlyk arzuwyny, bu ugurdaky dünýä tejribelerini, azat
bazar ýörelgesiniň esasyny – daýhany ýeriň hakyky eýesi etmegi, daýhany öz öndüren önüminiň
hakyky eýesi etmegi başarmady. Muňa derek, daýhan üçin “ähli şertleriň döredilendigi” baradaky
ýalan propaganda, sowet döwründen gelýän eziş, eksplotasiýa syýasaty, mejbury zähmet ýa-da
pagta gulçulygy doly güýjünde dowam etdirildi.
Prezident Berdimuhamdowyň her ýyl Hasyl baýramy mynasybetli çap etdirýän gutlaglarynda we
daýhanlar bilen bagly beýleki çykyşlarynda, şol sanda türkmen pagta önümleriniň Aşgabatda
geçirilýän II halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşyjylara iberen gutlagynda döwletiň orta we inçe
süýümli pagtanyň, şeýle-de olaryň tohumlyk sortlarynyň satyn alyş nyrhyny hemişe köpeldýändigi
gaýtalanýar.
Prezidentiň aýtmagyna görä, döwlet pagtaçylar üçin ýeňillikli şertleri döredýär. “Bu ýeňillikleriň
hemmesi ekerançylaryň we döwletiň bähbitlerini goramaga gönükdirilen” diýip, ol döwlet bilen oba
önümçiliginiň arasynda sazlaşykly ykdysady gatnaşygyň ýola goýlandygyny, bu ýagdaýyň
pagtaçylygyň depginli ösmegine itergi berendigini ynandyrmaga çalyşýar. Şeýle-de ol pagtaçylyga
edilýän tehniki hyzmatyň derejesini ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlardan ýokary önümçilikli
pagta ýygýan kombaýnlaryň, traktorlaryň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň satyn
alynýandygyny gaýtalamagy gowy görýär.
“Bal-bal” diýeniň bilen agyz süýjemeýär. Sowet döwründe-de pagtaçylar üçin ähli şertiň
döredilýändigi, pagtaçylara günortan gyzgyn naharyň berilýändigi we beýlekiler aýdylýardy,
üstesine sosialstik ýaryşlar hem geçirilýärdi. Ýöne şol döwürde hem pagta ýygmak az gazançly,
mejbury zähmet bolup galypdy, bu häzirem şeýleligine galýar.
Eger şeýle bolmasa, pagtany ilatyň iň garyp gatlagy, aýratynam başga işe ukypsyz aýal-gyzlar we
çagalar, başga eklenç çeşmesi ýok adamlar ýygmazdy. Üstesine, edil sowet döwründe bolşy ýaly,
belki käbir ýagdaýlarda ondan hem beter, pagta ýygmaga häzirem döwlet edaralarynyň işçigullukçylary, mugallymlar, doktorlar zor bilen sürülýär. Muny ýurtda bilmeýän ýok, emma
prezident Berdimuhamedow bilmeýär ýa-da bilmedik bolýar.
Eger ýokary önümçilikli pagta ýygýan kombaýnlar satyn alynýan bolsa, pagtanyň esasan el bilen
ýygylmagy näme üçin dowam etdirilýär? Eger obalylar gowaça ekip, pagta ýetişdirip, her ýyl
ýokarlandyrylýan nyrhdan döwlete pagta satyp bilýän bolsalar, näme üçin müňläp şäherlere, daşary
ýurtlara gidýärler? Elbetde, olar iş, gazanç gözläp gidýärler.
Sowet döwründe ortaça daýhan, üç-dört çagasy, aýaly bilen işläp, aýda bir goýun soýup ýa gündegünaşa etli nahar, bolmanda gowurdak çorba iýip bilen bolsa, biziň gürrüňdeş bolan daýhanlarymyz
häzir beýle ýagdaýyň köp daýhan üçin arzuwdygyny aýtdylar. Häzir pagta we bugdaý ekmäge
mejbur edilýän daýhanlar, eger çagalaryny aç goýmajak bolsalar, bu işleriň daşyndan hökman
melleklerinde gök ýetişdirmeli, sygyr, goýun, towuk saklamaly we ir ertirden giç agşama çenli
gydyrdanyp, hars urup işläp geçmeli.
Sowet döwründe obada ýaşaýan daýhanlaryň hem iki-ýeke zehinli çagasy ýokary okuw jaýlaryna
girip bilerdi. Indi bu bagt diňe arçynlaryň çagalaryna ýetdirmese, başgalara ýetdirmeýär. Arçynlar,
häkimler bolsa, islän ýerlerinden kärendesine ýer alyp, ol ýerlerde batrak işledýärler. Aslynda,
Nyýazowyň girizen kärendeçiligi hem batrakçylyk, ýöne bu batrakçylyk Berdimuhamedow
prezident bolandan soň has giň gerime eýe boldy. Ýagny ozal häkimler Nyýazowdan çekinen
bolsalar, indikiden asla çekinmeýärler we islän adamlaryna kärende ýer berip, islemedikleriniň
ýerini alyp bilýärler diýip, ruhabatly daýhanlar gürrüň berýär.
Prezident Berdimuhamedow Türkmenistanda pagtanyň daşary ýurtlara eksport edilýän esasy oba
hojalyk ekinleriniň biridigini aýdýar. Diýmek, pagtdan gyzyl pul, walýuta gelýär. Emma şol pul
daýhanyň hojalygyna girýärmi? Eger girýän bolsa, näme üçin onuň özi traktor satyn alyp bilmeýär,
baýamaýar?
Türkmenistanda daýhanlar partiýasynyň döredilmegi barada 20 ýyl bäri gürrüň edilýär, emma ol
partiýa döräbermeýär. Ýogsa, başda ol partiýanyň ozalky Kompartiýa, hazirki Dempartiýa bakna
boljagy, ýagny Senagatçylar we telekeçiler partiýasy ýaly “öli jan” görnüşinde saklanjagy hem
çaklanypdy.
Biziň Ahalda, Maryda we Lebapda gürrüňdeş bolan tejribeli daýhanlarymyzyň pikir-çaklamalaryna
görä, bu partiýa daýhanlary ýer eýesi, önüm eýesi, diýmek, eksportdan gelýän girdeji, pul eýesi
etmezlik üçin döredilmeýär. Olaryň pikiriçe, daýhanlar partiýasy döredilse, bu partiýany döwlet
ýolbaşçylarynyň goldawynda bikanun baýlyk toplaýan telekeçiler ýaly sessiz, kontrol astynda
saklap bolmaz.
Türkmenistanda ilatyň 70 prosentden gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar. Ol obalaryň bolsa, ýolam,
agyz suwy, elektrik üpjünçiligi hem erbet. “Öňki prezidentiň bir eden gowy işi, ol obalara gaz
turbalaryny çekdirdi” diýip, oba adamlary aýdýarlar. Ýöne olar Berdimuhamedowyň gazdan gelýän
serişdä doly kontrolluk edip, Aşgabatda gurulýan gurluşyklara ummasyz kän pul goýbermeginden,
munuň üstesine ýer bilen suwy hem daýhanlara bermezliginden, diýmek özleriniň bilkastdan garyp
saklanmagyndan, netijede çagalaryny okadyp, geljege taýýarlap bilmezliklerinden, olaryňam özleri
ýaly garyp boljagyndan örän nägile. Olaryň içinde bu ters iş “sowetleriň girizen pagta gulçulygyny
uzagrak saklamak üçin edilýändir” diýip pikir edýän barha köpelýär.
Ýazyjylygyňa şübhäm bar, Hormatly Prezident! (07.05.2013)
“Näme üçin?” diýjeksiň, eziz Arkadagym. Munuň üçini kän. Emma men köpe gidip, uzakdan aýlap,
giň ýeriň gürrüňini edip oturjak däl. Çünki, azat bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde, her sekunt
manada barabar.
TDH ýaly köpsözli we yzyn ýazsam, işli adamsyňyz, okamarsyňyz. Dogrusy, meniňem uzyn
ýazmaga wagtym ýok. Sebäbi, SSSR ýykylaly bäri nan atly, men pyýada, yzyndan ýetjek bolup,
uzakly gün ylgamaly bolýan.
Gönimden geleýin: soňky ýyllar kitap okamamy doly goýdum diýen ýaly. Bu diňe wagt bilenem
bagly däl: ýazyjylara hormatym gaçdy, olaryň köpüsinde prinsip-messep-ynsap diýen zatlardan
düşnük dagam ýok eken. Ýöne şonda-da, “Ynsap – diniň ýary” diýipdirler; “Hormatly
Prezidentimiz gyzyldan gymmat wagtyny sarp edip, raýatlary üçin kitap baryny ýazýar, bolmanda
birini okaýyn” diýdim.
Gatyny açanymam, eziz Arkadagym, “Ahalteke bedewi - biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen
kitabyňyz boldy. Bu kitaby men ahal-teke atlaryna bagyşlanyp döredilen täze saýtdan tapdym.
Siz bu kitaby “Hormatly okyjylaryňyza”, diýmek, şol sanda maňa hem ýazylan ýüzlenme, giriş sözi
bilen başlapsyňyz. Sag boluň eden hormat-sylagyňyza, aç-horam bolsak, siziň öňüňizde
hormatymyz bar eken, “hormatly” diýipsiňiz, bizi sylany Alla sylasyn!
Hawa, şeýlelikde, men kitaby birinji sahypasyndan okap başladym.
“Eliňizdäki kitap türkmen bedewi—ahalteke atyna bagyşlanýar” diýip, okyjylara ýüzlenmäniň
birinji sözleminde aýdylýar.
“Beh, bu sözlem birhiliräk düzülipdir, “bedewine” diýilse, gowurak boljak ýaly” diýip pikir etdim.
Emma bilesigelijik meni ikinji sözlemi okamaga howlukdyrýardy.
“Dünýä döräli bäri bu bedewiň şöhraty hem ýer ýüzüne ýaň salýar” diýip, ikinji sözlemde, bagyşlaň
welin, birneme ýerden aýagyňyzy üzüpsiňiz. Dünýäniň dörän wagty haçan, ahal-teke atlarynyň
tohumynyň dörän wagty haçan, bu ýerde tapawut ulumyka diýýärin. Atymyzy öwmeli diýselerem,
beýle uçurmak gerek däl bolsa gerek. Eger bu kitaby diňe özümiz, türkmenler okaýan bolsak, onda
bolýar, biz bir öwgä mätäç halk, emma bu sözleri rus, iňlis dilinde okanlar biygtyýar ýylgyrar…
“Adamzat siwilizasiýasynyň taryhy bilen aýakdaş bolan ahalteke bedewi ençeme asyrlaryň
dowamynda öžüne mahsus bolan güýç-kuwwatyny, ýyndamlygyny, gözelligini we akyllylygyny
ýitirmän gelýär” diýen sözlem hem, bagyşlaň welin, ýokarky gelşiksiz ulaltmanyň dowamy.
Bolýar, bular siziň pikiriňiz diýeli: siz “dünýä döräli bäri”, “adamzat siwilizasiýasy bilen aýakdaş”
diýip, ahal-teke atlaryny öwjek bolup, biraz göçgünlilik edipsiňiz, bu yňdarmalykda bolýan zatmyş.
Ýeri, şu aşakdaky sözlemiňize näme diýjek?
“Bularyň hemmesi bilelikde ykbaly ynsanyň ykbaly bilen badaşan dünýäde ýeke-täk atyň
görnüşinde jemlendi, bu bolsa olaryň dostlugyny, biri-birine ysnyşmagyny we wepaly gulluk
etmegini kesgitledi.”
Men bu sözlemde aýdylan zada düşünjek bolup, ony birnäçe gezek okadym. Dogrusyny aýtsam, bu
aslynda türkmençe däl, orsçadan ýa işlisçeden ýaramaz terjime bolmaly, çakym çak bolsa. Sebäbi
tüçrkmençe beýle sözlemi, meniň bilşimden, düzjek bolsaň hem düzüp bolmaýar. Ynanmasaňyz,
dilçilerden sorap görüň, size çenli türkmen dilinde beýle bisowat sözlem düzen ýazyjy bolmandy.
Emma öňünden aýdyp goýaýyn, sorasaňyz hem, dilçiler gorkup, bu sözlemdäki bulam-bujarlyklary
size aýdyp bilmezler…
Ýöne siziň giriş sözüňizde bulam-bujar sözlem diňe bu hem däl. Siz, mysal üçin, başga bir
sözlemiňizde ahal-teke atlarynyň ähli münülýän atlary yzda galdyrandygyny, ýer ýüzüniň atçylyk
sungatyny yzda goýandygyny aýtjak bolupsyňyz. Ol sözlemi
bolşy ýaly getirýäris: “Gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan we zähmetsöýer halkynyň aýratyn
zehininden kemala gelen ahalteke bedewi özüniň gany bilen ähli münülýän atlaryň görnüşlerini
yzda galdyryp, ýer ýüzüniň atçylyk sungatyny öz yzyna düşürip alyp gitmegiň hötdesinden geldi.”
Birinjiden, “gadymy türkmen taryhynyň tebigatyndan” diýmek bilen näme diýmekçi bolýarsyňyz?
Her bir halkyň taryhynyň öz tebigaty barmy? Bu nireden, haýsy teoriýa esasynda alnan zat?
Ikinjiden, “zähmetsöýer halkynyň aýratyn zehininden” diýmek bilen, siz tüçrkmen halkyny üýtgeşik
zähmetsöýer we zehinli diýmekçi bolýarsyňyzmy?
Aşakdaky sözlemde bolsa, “tugrasyny” däl-de, “tugrasynyň” bolmaly, ýöne bu ýalňyşy düzedeniň
bilen hem, sözlem many taýdan düzelmez. Sebäbi siz atdan syýasata, döwletiň alyp barýan ugurýoluna geçmekçi bolup, pikiriňizi ýeterlik aýdyňlaşdyryp bilmänsiňiz. Ýagny siz “Biziň milli
buýsanjymyz Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezegi bolan ahalteke bedewi garaşsyz, bitarap
Watanymyzyň hakyky simwolydyr we onuň parahatçylyga we dünýäniň ähli halklary bilen dostluga
ymtylşynyň şaýadydyr” diýmek bilen, bar zady düşündirdim diýip hasap edipsiňiz. Emma tugrada,
gerbde atyň bolmagy nireden diňe parahatçylyk, dostluk niýetini aňladyp biler? Birinjiden, at bir
jandar, ol adamyň elindäki mal, ulag, üstüne münüp, bir ýurda çozsaň-da bolýar, ýurduňy gorasaňda…
Eger siz “biz ýurdumyzy at bilen, elimiz gylyçly söweşip goradyk, şol sebäpden ata aýratyn
hormatymyz bar” diýseňiz, muňa düşünse bolardy. Emma barybir at ýa başga bir ulag, transport
serişdesi bir ýurduň hakyky simwoly bolup bilmez. Eger şeýle bolsa, araplaryň hakyky simwoly
düýe, hindileriňki –pil bolardy. Ýadyňyzda bolsa, sowet döwründe orak-çekiçden hem ullakan
simwol ýasajak bolupdylar…
Siz ýene seýle diýýärsiňiz: “XXI asyryň bosagasynda özüniň täze eýýamyna—Täze Galkynyş
eýýamyna gadam basan Türkmen döwleti işeňňir parahatçylyk söýüjilik, aýanlyk we dünýäniň
ynsanperwer modelini döretmäge işjeň gatnaşmak syýasatyny yglan etdi.” Atdan başlanan
öwünjeňlik nädip birden “dünýäniň ynsanperwer modelini döretmäge işjeň gatnaşmak syýasatyna”
geldi?
Eger faktlara seredilse, Türkmenistan adam hukuklaryny hormatlamak barada öz üstüne alan
halkara borçlaryny ýerine ýetirmeýän, tussaglarynyň hal-ýagdaýyny görmekçi bolýan daşary ýurt
ekspertlerini ýurda goýbermeýän, syýasy tussaglaryň ölüdigini-diridigini olaryň iň ýakyn
garyndaşlaryna hem aýtmaýan ýurt dälmi?
Emma siz ýene şeýle diýýärsiňiz: “Biz özümize we öz güýjümize berk ynanýarys, bu ynam öz
köklerini türkmen topragynyň berekedinden we sahylygyndan, dünýäni aňk ediji hadysany – adam
bilen atyň jana – jan dostlugyny döretmegiň hötdesinden gelen pederlerimiziň pähim-parasadyndan
alyp gaýdýar.”
Eger şeýle ynam bar bolsa, näme üçin ýurtda siziňkiden başga syýasy partiýalar, garaşsyz
jemgyýetçilik guramlary, adam hukuklaryny goraýan toparlar, metbugat, söz azatlygy düýpden ýok?
Eger siz öz güýjüňize ynanýan bolsaňyz, näme üçin ýyl-ýyldan daşyňyzyň goragyny
berkidýärsiňiz? Näme üçin siz ýoldan geçeňizde azyndan üç parallel köçe baglanýar?..
Bolanyna görä ýene bir sözlemiňiz baradaky pikirimi aýdaýyn. Siz “Sazlaşyk milli
medeniýetimizde, şonuň ýaly-da dünýä medeniýetinde seýrek duş gelýän hadysa hökmünde özüniň
öwrenilmegine garaşýar” diýýärsiňiz.
Bu sözleme iki hili düşünmek mümkin: birinjisi, “biziň milli medeniýetimize sazlaşyk bar, emma
beýle sazlaşyk dünýä medeniýetinde seýrek duş gelýär we şu sebäpden biziň sazlaşygymyz hadysa
hökmünde öwrenilmegine garaşýar”. Emma bu sözleme şeýle hem düşünmek mümkin: “ sazlaşyk
biziň milli medeniýetimizde hem, dünýä medeniýetinde hem seýrek duş gelýän hadysa we şu
sebäpden ol öwrenilemegine garaşýar”.
Megerem siz, o diýen şowuna bolmadyk hem bolsa, birinji pikiri aýtjak bolupsyňyz, ýagny “biziň
milli medeniýetimizde sazlaşyk bar, emma beýle zat dünýä medeniýetinde seýrek duşýar” diýip,
milletçilik-şowunizm duýgularyňyzy daşyňyza çykarypsyňyz.
Elbetde, menem türkmen, öz milletimi biriçe gowy görýärin; bir ýönekeý raýat hökmünde, ýüz
gram arak-şerap içip, öwnüp hem bilerin. Emma, bagyşlaň welin, “biz beýik, başgalar pes” diýen
äheňde gürrüň etmek prezident derejesinde oturan adama gelşenok.
Şu ýokarda aýdan zatlarym sebäpli mende siziň ýazyjylyk talantyňyza we paýhasyňyza şübhe
döredi, kitabyňyzyň ikinji sahypasyna geçmedim, bagyşlaň, eziz Arkadagym we Hormatly
Prezidentim!..
Türk-türkmen “doganlygy”: Taksim skweri nämäni duýdurýar? (08.06.2013)
Türk we türkmen ýolbaşçylary, syýasy-ykdysady garaýyşlary dürli-dürli bolsa-da, indi iki onýyllyk
bäri umumy dil tapyp gelýärler. Olary esasy birikdirýän zat, türk doganlygy we beýlekiler barada
aýdylýan owadan sözler däl-de, biznes bähbitleri we awtoritarizm diýsek, ýalňyşmasak gerek.
Bähbit geçirimliligi
Apreliň aýagynda türkmen prezidenti atdan ýykylanda, ýalňyşmasam, bu habary ilki dünýä jar eden
türk telewideniýesi boldy. Emma prezident Berdimuhamedow maýyň aýagynda Aşgabada gelen
türk prezidenti Abdylla Güli Türkmenistanyň uly döwlet sylagy, “Prezidentiň ýyldyzy” ordeni
bilen sylaglady. Ýosa, käbirleri onuň türk “gardaşlaryndan” biraz öýkelärine garaşypdy.
Eýsemem bolsa, biznes bähbitleri üçin nämeler edilmeýär? Biraz öň kakabaş türk metbugaty
Türkiýeden Aşgabada uçmakçy bolan altyn ýükli uçar barada hem “galmagal” turuzjak bolupdy,
emma soň, “dost-dogan” ýolbaçylaryň goldawy bilen, bu gohuň ýatyp galandygyny-da unutmak
bolmaz.
Şu zatlardan çen tutulsa, türkmen metbugatynyň Rejep Taýyp Ärdoganyň ýekemenligi bilen
protestçiler arasynda dörän gapma-garşylygy halka buşlamaga howlukmazlygyna düşünse bolar.
Bu ýerde ýene bir zada, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 4-nji iýunda geçirilen
mejlisine hem düşünip bolar. Bu mejlis, aýdylmagyna görä, harby we hukuk goraýjy organlaryň bäş
aýlyk işiniň netijelerine baha bermek, geljekki anyk wezipeleri kesgitlemek üçin geçirilipdir.
Setirleriň arasyndan görünýän zat
Emma bu habarda setirleriň aňyrsyndan ilki görünýän alada Türkiýedäki anti-Rejep protestleriň
Türkmenistandaky anti-Arkadag meýillere ýetirrjek täsiri bilen bagly.
Türkmenistan soňky 20 ýylda halk içinde dörän we dörejek bolan anti-hökümet protestleri diňe
güýç bilen basyp ýatyrdy. Türkmenistan bilen 20 ýyl bäri özara we deň bähbitli, şonuň bilen
birlikde doganlyk ideýalaryna daýanýan diýilýän biznes hyzmatdaşlygyny edýän Türkiýe hem,
daşyndan parhly görünýän-de bolsa, Stambuluň Taksim meýdançasynda başlanan halk
protestlerinden öň hem köp arassalaýyş geçiripdi.
Elbetde, bu arassalaýyşda, dürli bahanalar bilen, Rejep baş bakanyň potensial garşydaşlary ýok
edilipdi ýa ýuwaşadylypdy. Onsoň onuň Taksim meýdanynda polisiýanyň dürresini işletmegi hiç bir
jähetden geň däldi. Emma bu taýak Türkiýäniň edil Türkmenistan däldigini görkezdi we resmi
Aşgabat bu “görkezijiden” alada galman bilmese gerek.
Ýadyňyzda bolsa, Aşgabat bir zaman gyrgyz wakalaryndan hem uly alada galypdy. Ýöne Türkiýe
bilen gatnaşyklar has giň we çuň. Bu ýurda türkmenler diňe okamaga gitmediler, on müňläp
işlemäge, ýaşamaga-da gitdiler. Gepiň keltesi, gyrgyz rewolýusiýalary Türkmenistana syçramadyk
hem bolsa, Türkiýedäki halk raýdaşlygynyň türkmenlere awtoritar hökümete garşy durmakda belli
bir tejribeleri bermegi mümkin. Sebäbi Türkmenistanda rewolýusiýa üçin Taksim
meýdanyndakydan has beter “bahanalar” bar. Şol “bahanalaryň” iň esasylary hem kanunlaryň
işlemezligi ýa birtaraply ulanylmagy, barha çuňlaşýan sosial-ykdysady adalatsyzlyklar bilen
baglanyşykly.
Diktatura we kanun
Prezident Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň bir bölegi bolan Bedew baýramynda, dünýäniň
bir topar ýurdundan gelen hormatly myhmanlaryň gözüniň alnynda atdan ýykylmagy bu ýurtda
“kämilleşdirilýär, dünýä standartlaryna golaýladylýar” diýilýän kanunlaryň, hususan-da täze kabul
edilen Metbugat kanunynyň işlemek mümkinçiliginiň nola barabardygyny görkezdi.
Aslynda bu ýerde hiç bir täzelik ýok: diktatura bilen kanun bir ýere sygmaýar, ýa-da olaryň birinjisi
ikinjini özüne bakna edýär. Bu Türkmenistanda hem şeýle: kanunlar ýa kagyz ýüzünde galýar, ýada halka, raýatlara däl-de, režime, şol režimiň arkasynda duran oligarhlara, hälkyň her bir kiçijik
hajatyndan öz bähbidini araýan çinownikleriň kisesine hyzmat edýär.
Berdimuhamedowyň atdan ýykylmagy ýurtda diňe informasiýa, maglumat monopoliýasynyň,
senzuranyň saklanyp galýandygyny däl, eýsem türkmen häkimiýetleriniň özleriniň kanun
reformalary, jemgyýeti liberallaşdyrmak, syýasy medeniýeti ýokarlandyrmak barada aýdýan
zatlaryna düýpden ynanmaýandyklaryny we şol öňki repressiýa, halky basyp we gorkuzyp
saklamak usullaryna bil baglaýandyklaryny görkezdi.
Elbetde, bu döwlet başynda oturan adamlaryň syýasy medeniýeti, aň-akyl derejesi bilen bagly. Olar
nyýazowçylykdan miras alnan we ýurdy bütin dünýä gülki edýän syýasy şowakörlügiň hem
döwleti, hem özlerini biabraý edýändigine düşünmekden entekler gaty daşda bolarly.
Ýalňyş syýasatyň netijeleri
Türkmenistanyň repressiýa syýasaty 1990-njy ýyllaryň ortalarynda, ozalky SSSR-iň KGB däpleri
esasynda, basyş, gorkuzmak, gözegçilikde saklamak usullary esasynda has-da güýçlendirildi. Bu
syýasat halk içinde, intelligentsiýanyň arasynda, hususan-da döredijilik, ylym-bilim wekilleriniň
arasynda has görnetin ýüze çykyp başlan erkin pikirlenişi, azatlyk ideýalaryny basyp ýatyrmaklyga,
türkmen demokratiýasyny sallançakda bogmaklyga gönükdirilendi.
S.Nyýazowyň “täze bilim syýasaty” diýilýän bilen “ruhnama” boşlugy hem şol repressiýa
syýasatynyň bir bölegi bolup, onda esasan täze nesil, yzdan ýetişip gelýän ýaşlar nyşana alyndy.
Sebäbi olar geljekde režime howp döretmeli däldi, boş, pöwhe, döwlet propagandasy tarapyndan
aýdylýan şowunizm sarnamalaryna ynanýan we özüni aňsat aldadýan yňdarma adamlar bolmalydy.
Berdimuhamedow häkimiýet başyna gelenden soň, her neneňsi geň hem bolsa, Nyýazowyň “täze
bilim syýasatyndan” ýüz öwrüldi. Şonuň bilen birlikde, Nyýazow döwründe giň ýaýran neşe
önümleri tasdan ýok edildi, milli goşunyň gedaýçylykdaky esgerleri köçeden ýygnalyp, gaýtadan
döwletiň hossarlygyna alyndy. Nyýazowyň ýatyran pensiýalarynyň, çaga pullarynyň dikeldilmegi
bolsa, hakykatda tasdan çaý bilen çörege daňlan garyp adamlara edilen iň uly ýagşylyk boldy.
Bulary, bir tarapdan, Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkiýede eden ykdysady reformalary bilen
deňeşdirse bolar. Gurbanguly Arkadag bu eden işleri üçin uly alkyşa mynasyp boldy.
Emma ol on ýyldan gowrak dowam eden repressiýany, basha-baslyklary ýazgarmady, metbugat
nadaralygyny dowam etdirdi we halkyň aňkasyny aşyran köpçülik çärelerini we opuryjy gurluşyklar
syýasatyny esasygüýmenjesine öwürdi.
Eger sagdyn pikirlenip bilenliginde ýa özüne erki bolanda, ol bu repressiýanyň we ýykgynçylykly
gurluşyklaryň ýurda nähili gymmat düşýändigine düşünmelidi.
Nyýazow türkmen halkynyň sowet döwründe bilim alan, iş gören tejribeli kadrlaryny gaty
selçeňletdi; köpi gören, özüçe pikirlenmäge ukyply intelligentsiýa wekilleri, ýurt içinde we öýünde,
çagalarynyň arasynda oturjak bolsa, doly dymyşlyga, kaýyllyga mejbur edildi. Ýaşlar bolsa,
dolulygyna diýen ýaly, “tahýa darlygyna” salyndy. Eger-de Berdimuhamedow şu petikli ýoldan
çykmaga tarap ugur alan bolsady, hakykatdan hem beýik reformaçy bolardy. Emma ol bu
mümkinçiligi görüp bilmedi.
Repressiýa we din meselesi
Türkiýede yslam kökli diýilýän partiýa hökümeti dolandyrýar. Synçylar Rejep Taýyp Ärdoganyň
dindar türklere, işçilere, ýönekeý halka daýanýandygyny we aňsat häkimiýetden çetleşdirilip
bilmejegini aýdýarlar. Türkmenistanda hem hökümet dini duýgulary oýnamakda, dindar diýilýän
adamlary satyn allmakda uly ussatlyk görkezdi we bir tarapdan, wagtlaýyn hem bolsa, köp “peýda”
gazandy.
Ýöne bu “peýdanyň” soňy bilen syýasy elita üçin “zyýan” bolmagy hem mümkin. Sebäbi onuň
dowamlylygy Türkmenistanda dini we dindarlary doly kontrol astynda saklamaklygyň näçe uzak
dowam etjegine bagly bolup görünýär.
Adamzat tejribesinden görnüşine görä, adamlar haka, Hudaýa hakykatdan ynananlarynda, Allanyň
özünden başga hiç zatdan gorkmaýarlar. Dogry, olar belli bir döwür hökümet bilen dawalaşman
bilerler, dymyp bilerler, çeke durup bilerler, emma bu olaryň gözleri gapylar derejede
gorkýandyklaryny aňlatmaýar, öz wagtlaryna, sagatlaryna garaşýandyklaryny aňladýar.
Şu nukdaý nazardan seredilende, türkmen hökümeti Alladan gorkmaýan, emma döwletden gorkýan
dindarlary doly kontrollukda saklamagy başardy we başarýar diýse bolar. Bu hili dindarlar, gara
nebisleri üçin, döwletiň islendik tabşyrygyny ýerine ýetirýärler. Olar bu “hyzmatlary” üçin wezipe,
gymmatbaha sowgat, dabaralara çagyrylmak, Mekgä haja gitmek ýaly “sylaglar” bilen
sylaglanýarlar.
Bu bir tarapdan döwletiň utuşy bolup görünýär, emma siňe seretseň, edil utuş hem däl. Sebäbi halk,
adamlar bu hili dindarlary “döwlet, hökümet mollalary” diýip atlandyrýar we olary ýigrenýär.
Şonuň bilen bir wagtda, olar hökümet tarapyndan dabaralara çagyrylmaýan, tersine gysylýan
mollalary sylaýarlar. Ýönekeý adamlar, şol sanda ýaşlar halkyň hyzmatynda durýan, Hudaýa, Alla
maddy baýlyk üçin däl, o dünýesi, imany üçin hyzmat edýän dindarlary gowy görýär.
Her bir halkda bolşy ýaly, türkmen halkynda hem mollalar barada öňden aýdylan, dilden-dile geçip
gelýän zatlar bar. “Mollasy köp bolsa, toklusy harama çykar”, “Mollanyň aýdanyny et, edenini
etme” diýip, adamlar gara nebsi üçin o dünýäsini, imanyny we Allany unudýan mollalary hemişe
ýaňsylaýalar. Bu şu günki hem şeýle. Emma ýurtda, jemgyýetde adalatsyzlyk köp bolsa, döwlet
edaralary, ýolbaşçylar ýönekeý adamlaryň arz-şikaýatyny diňläp, meselelere çözgüt tapyp, ýardam
edip bilmese, adamlar Hudaýa, Alla sygynmakdan başga çäre tapmaýarlar. Olar hakyky mollalary,
arassa dindarlary hudaýa ýakyn adamlar hasaplaýarlar we şolardan, olaryň aýdýan sözlerinden,
getirýän rowaýatlaryndan barha köp haraý, göwünlik we umyt gözleýärler.
“Üçünji prezident” arzuwy
Birki ýyllykda, bir bendäniň kyrkynda şeýle bir arzuwyň şaýady boldum. Dulda oturan molla,
geljek gelip, gitjek gidip, adamlar selçeňlände, öň ýaşap geçen bir mollany (adyny aýtmakdan
saklanýaryn) ýatlap, onuň ömrüniň soňky ýyllarynda köp gaýtalan sözlerini aýtdy: “Sowetler 70 ýyl
sürüp, birden gar ýaly eräp gider, soň bir patyşa gelip, 20 ýyl halky horlar, ondan soň bir süwümsiz,
göterim patyşa bolar. Ana, şo patyşa atdan ýykylandan soň, türkmen birsellem rahat gün görer.”
Molla şu sözleri aýdyp, assyrynlykdan özüni diňläp oturanlaryň ýüzüne seretdi we olaryň
gözlerindäki umyt uçgunjyklaryny görüp, gürrüňini dowam etdi: “Biz ýaşrakdyk o wagt, bende,
“men görmerin o günleri, siz görersiňiz” diýerdi.”
Men soň bu gürrüňi, “üçünji gowy prezident” baradaky süýji arzuwy başga-başga ýas ýerlerinde,
toý üýşmeleňlerinde, ýönekeý oturyşyklarda hem kän eşitdim.
Arzuw başga, hakykat başga
Aşgabatda ýaşaýan türk işçisi (adyny aýtmakdan saklanýaryn) Türkiýedäki anti-Rejep protestleriň
häkimiýet başyndaky partiýanyň wekilleriniň nebsi, biznes bähbitleri sebäpli bärha beterlejegini we
has giň gerime eýe boljagyny çaklaýar. Onuň pikiriçe, Türkiýe Türkmenistan däl.
Men ondan “Türkiýe bilen Orsýetiň, Ärdogan bilen Putiniň arasynda nähili meňzeşlik bar?” diýip
soradym. Ol ýylgyrdy: “Tükiýe-de, Orsýetem uly ýurt, olara akyl bilen düşünmek kyn. Emma
Ärdogan bilen Putiniň meňzeşligi nebijeňlikde, men-menlikde bolsa gerek. Nebis bilen gedemlik
bolsa, hiç kime gowulyk getiren zatlar däl.”
Aşgabatda ýaşaýan türk işçisiniň pikiriçe, Türkmenistanda häzir Türkiýedäki, ýa bolmasa
Orsýetdäki ýaly protestleriň guralmagyna, raýat aktiwligine garaşyp bolmaz. Sebäbi, kanunlar
ygtyýar berýän bolsa-da, hökümet syýasy azatlyga taýýar däl. Ikinjiden, halk hem entek bu hili
töwekgellige taýýar bolup bilmez. Çünki Nyýazow döwründe döredilen gorky, ilatyň garyplygy
entekler öz netijesini bermegi dowam etdirer.
Emma türk işçisi häzir Türkiýede bolýan zatlary asla tötänlik hasaplamaýar. “Rejep Taýyp Taksim
skwerinde pul gazanjaklaryň tarapynda durýar, sebäbi ol ýerde jübi bähbidi bar. Gurbanguly hem
köşkleriň, beýleki gymmat gurluşyklaryň içinde, sebäbi bähbidi bar. Baýlaryň barha nebisjeň
bolmagynyň ahyry rewolýusiýa alyp gelýändigini taryh görkezýär – diýip, türk işçisi pikirini
dowam etdirdi. – Seret, musulman dünýäsi soňky elli ýylda görülmedik özgerişleri başdan geçirýär,
Günbatar bolsa hem içerki durmuşynda, hem daşarky gatnaşyklarynda kyn synaglar bilen ýüzbeýüz bolýar. Ýagny Günbatar dünýä ozalkysy ýaly kontrollyk edip bilmeýär, muny başarmaýar.”
Türk işçisiniň pikirine görä, türkmen häkimiýetleri bu bolýan zatlary görýär. Şu sebäpden hem olar
ýagdaýy uzagyndan kontrol astynda saklamagyň çäresini görmäge çalyşýarlar. Emma bu çäre,
Gurbangulynyň baglaşan gurluşyk kontraktlary, boş propaganda, köpçülik çäreleri we repressiýa
sebäpli, türkmen hökümetine garşy işleýär.
“Taksim skwerinde başlan anti-Rejep protestleri güýçlendiren zat polisiýa zorlugy boldy, şuny
ýatdan çykarma” diýip, Aşgabatda biraz goňşym bolan türk işçisi ýylgyryp aýtdy.
Gypjakda berlen sadaka we Gurbangulynyň baş saglygy (07.07.2013)
TDH Gypjakda watanyň gülläp ösmegi we milletiň lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş
saglygy üçin berlendigini habar berýär.
Bu sadaka 6-njy iýulda, Gypjakdaky metjitde “Berkarar döwletiň bagtyýalyk döwründe” dini
guramalaryň öňünde durýan wezipelere bagyşlanyp geçirilen maslahatdan soň berlipdir.
“Ýalançy ýaşulularyň” wadasy
Habarda aýdylmagyna görä, dini guramalaryň wekilleri, has dogrusy döwletden aýlyk alýan
dindarlar türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, ýaşlary hakyky
watançylyk ruhunda terbiýelemek boýunça öz boýunlaryna düşýän borç hakynda maslahat
edipdirler.
Elbetde, Türkmenistanyň döwlet eýeçilgindäki dindarlarynyň bu maslahat-sadakasynyň golaýda
türkmen yslamçylary, olaryň Siriýanyň prezidenti Başar al-Asady agdarmak ugrunda söweşýän
radikal toparlaryň tarapynda “jihada” gatnaşyşy barada çykan habarlar bilen baglydygyny çak
etmek o diýen kyn bolmasa gerek.
Maslahatyň Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Din işleri geňeşi we Türkmenistanyň
müftiýeti tarapyndan gurnalmagy, oňa döwlet tarapyndan hormatlanylýan ýaşulularyň, Aşgabadyň
we beýleki welaýatlaryň döwlet tarapyndan bellenen din wekilleriniň çagyrylmagy bu başlangyjyň
hut Arkadagyň özünden gaýdýandygyny çak etmäge esas berýär.
Adatça bolşy ýaly, maslahatda çykyş edenler prezident Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen
geçirilýän progresssiw özgertmeler, watanyň gülläp ösmegine, ilatyň bagtly, bol-elin ýaşamagyna
gönükdirilen işler barada gürrüň edipdirler.
Şeýle-de olar döwlet ýolbaşçysy tarapyndan ýöredilýän syýasata goldawlaryny bildirip, mundan
beýläk hem ýaş nesli milli mukaddeslikler, halkyň asyrlyk däp-dessurlary esasynda terbiýelemek
işine aktiw gatnaşmakçydyklaryny tekrarlapdyrlar.
Bu hili maslahatlara gatnaşyp, birmeňzeş don, telpek geýip, resmi propagandanyň bir bölegine
öwrülen ýaşululara il içinde indi “ýalançy ýaşulular” diýilýänini göz öňünde tutsak, olardan ýaşlary
Arkadaga tabyn edip saklamakda uly kömek boljaga meňzemeýär. Sebäbi ýaşlaryň köpüsi
wagtynda okuwa girip bilmedik, iş tapmaýan, deňsizligiň we adalatsyzlygyň ejirini çeken we
çekýän oglan-gyzlar. Beýle ýaşlar ol ýaşulularda şol diýilýän milli mukaddesliklerden, lebiz,
messep, ynsap ýaly zatlardan bir gram ýokdugyny gaty gowy bilýärler. Onsoň olaryň özlerinde ýok
zatlary ýaşlara berip biljegine ynanmak kyn.
Ikinji tarapdan, ýönekeý adamlaryň, garyplykda ösen ýaşlaryň köpüsiniň ýek ýigrenýän zady ýalan
propaganda. Sebäbi, soňky ýyllaryň tejribesinden belli bolşuna görä, resmi Aşgabadyň ýa-da TDHnyň habarlarynda hakykat ýok, olarda problemalar inkär edilýär we durmuşdaky kynçylyklar,
döwlet emeldarlarynyň, hökümet ýolbaşçylarynyň açgözlügi we giň ýaýran korrupsiýa boş sözler
bilen bassyr-ýussur ediljek bolýar.
Ajy hakykat
TDH-nyň bir işgäriniň özara gürrüňçilikde degşip aýdyşy ýaly, türkmen hakykaty resmi habaryň ýada hökümet propagandasynyň gutaran ýerinden başlanýar we örän ajy.
TDH-nyň adynyň aýdylmazlygyny soran işgäri ýene şeýle diýýär: “Eger sadaka bilen ýurtda
bolçulyk döredip bolýan bolsady, biz bu wagta bala çümerdik, Saparmyrat hem ölmezdi…”
Din wekilleriniň maslahatynda ýaşlary milli mukaddeslikler, asyrlyk däp-dessurlar esasynda
terbiýelemek barada gürrüň etmekleri, dogrusy, gülkünç. Sebäbi şu günki din wekilleriniň bir topary
ozalky kommunistler ýa-da sowet hökümeti döwründe arakdan-şerapdan gaýtmadyk, S.Nyýazow
döwründe bolsa tirýekden-gerreden gaýra durman, başarsa para alan, ogurlyk eden adamlar.
Dogry, “her döwür – bir döwür, indi başga zamana, hudaýsyzlyk döwri geçdi, dine ýol açyldy, olar
toba edip, hak ýoluna düşen bolsa, öňki bolan zatlary ýatlap durmaly däl” diýilmegi mümkin.
Emma Türkmenistanda ozal S.Nyýazow-Türkmenbaşy hudaý ornunda bolan bolsa, indi
Gurbanguly-Arkadag hudaý bolmaga dalaş edýär. Bu ýagdaý Türkmenistanda dine uýýanlary
esasan iki bölege böldi: olaryň birinjisine “hökümet mollalary”, ýagny döwletden aýlyk alýan,
maslahatlara we çärelere çagyrylýan, döwletiň hasabyna daşary ýurtlara, şol sanda Mekgä iberilýän
dindarlar girýär. Bu hili mollalara il arasynda “biznesmen mollalar” hem diýýärler. Sebäbi olar din,
hudaý ady bilen aňsat gazanç, eklenç, häzirki dil bilen aýdylanda “biznes” edýärler.
Ikinji topara döwlet tarapyndan gurlan metjitlerden gaça durýan, din arkaly pul, mal gazanjak,
“biznes” etjek bolmaýan, hökümet maslahatlaryna çagyrylmaýan, emma il derdine ýaraýan we
ýönekeý adamlar tarapyndan berk sylanýan dindarlar girýärler. Bulara il arasynda “hakyky
mollalar” diýilýär. Ýöne…
“Ýönesi näme?”
Hawa, “ýönesi näme?” diýilmegi mümkin. Ýönesi hökümet bu hili mollalary yzarlaýar, ýanaýar,
türmä basýar we başarsa öldürip, ýok edýär.
Aşgabatly Şiri molla Geldimyradowyň 2010-njy ýylda 73 ýaşynda türmede ölmegi, onuň 7 oglunyň
toslama aýyplamalar esasynda türmede saklanmagy munuň diňe bir mysaly.
Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri yslamçylar diýilýänlere garşy göreşde aýratyn aktiwlik
görkezmäge çalyşýarlar. Mälim bolşy ýaly, olaryň esasy usuly pidalaryny urup-ýençmek,
kemsitmek, gorkyzyp, gözüniň oduny aljak bolmak. Şeýle-de olar öz pidalaryny, yzynyň
idelmejegini bilseler, erbet talaýarlar.
Bu talaňçylyk, ele düşeni her edip, hesip soýmak türkmen kanun goraýjylarynyň hemmesiniň diýen
ýaly gowy görýän zady. Olar bu talaňçylyk arkaly uly “biznes” edýärler we birnäçe ýyl iýçinde baý,
gurply, iki-üç aýally ýa oýnaşly, iki-üç maşynly we iki-üç jaýly adamlara öwrülýärler.
Alaçsyzlykdan hudaýhonluga
Ozal döwletiň başyndaky birinji adam, soň onuň ýakyn töweregi, soň ondan aşakdakylar…
tarapyndan edilýän ogurlyklar, talaňçylyklar tutuş halkyň gerdenine garyplyk, ýetde-gütde durmuş
bolup çökýär.
Adamlar eklenç üçin ýa daşary ýurtlara gatnap, söwda edýärler, ýa başga bir ýurda gara iş etmäge
gidýärler, ýa-da ýurt içinde bikanun işlere baş goşýalar. Sebäbi kanun esasynda işläp, bol-elin
maşgala eklemek gaty kyn.
Bu ýagdaý kanun goraýjylaryň islän adamyny tutmagyna şert döredýär. Şeýdip, soňky 20 ýylda
milliona golaý adam tutulyp-basyldy ýa türmä basylmazlyk üçin uly mukdarda para bermeli boldy.
S.Nyýazow aldygyna metjit gurduryp başlanda, mugallym bolup işleýän goňşym “bul-a on-onbäş
ýyldan radikal yslamçylary döretjeg-ow” diýipdi. Men şonda metjit gurup, yslamçy döredip
boljagyna ynanmandym.
Mundanam başga, S.Nyýazow metjitleri milli howpsuzlyk komitetiniň agentlerinden doldurypdy,
mollalary biri-birini satyp, şugulçylyk edip gün görer ýaly edipdi.
Emma türmä basylýan adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi, olaryň köpüsiniň türmeden yslamçy,
dindar bolup çykmagy, işsiz, garyp, nälaç ýagdaýda galyp dine, hudaýa hakykatdan hem ýüregi
bilen ynanýan, hudaýdan delalata, adalata garaşýan adamlaryň ýyl-ýyldan köpelmegi ýutda yslamyň
hakykatdan hem syýasy güýje öwrülmek howpuny emele getirdi.
Soňky üç ýylda, welaýatlaryň ählisine diýen ýaly aýlanyp, obalardaky garyplygyň, hak-hukuksyz
biçäreligiň ozal dünýewi pikirlenen sowatly adamlary hem, ýaşlary hem yslama, hudaýhonluga
barha kän iterýändigine şaýat bolamsoň, men bu ýagdaý barada ençeme sagatlyk leksiýa hem berip
bilerdim. Emma bu leksiýa türkmen hökümeti rugsat bermez we ol hiç wagt hakykaty diňlemäge
taýýar bolup biler öýtmeýärin.
Kanun diňe kagyz ýüzünde, öňki prezident “meni öwmäň” diýip, ýaranjaňlaryň öňünde aglar
otyrardy, soňky prezident her hili eşik geýip, bezenip surata düşmek we “arhitektorlyk”, gymmat
kontraktlar bilen gümra.
Umyt hem boldy
Bellemeli ýeri, aralykda, gysga wagt bir umyt hem yşrady. S.Nyýazow ölüp, G.Berdimuhamedow
prezident bolanda, adamlar “bu ýetim däl, ene-ata terbiýesini gören, özüni öwdürip, doýmazdolmaz bolmaz, iliň aladasyny eder” diýdiler.
Ilki şeýle-de boldy: ol pensiýalary dikeltdi, bilimde, harby pudakda özgerişlik etdi, neşä garşy
göreşi çynyrgatdy.
Emma soň, S.Nyýzowyň öz obasy Gypjaga pul döküşi ýaly, bu-da öz dogduk obasy Babaraba pul
dökdi, daşary ýurt kompaniýalary bilen edilýän sowrujylyga, uly ogurlyga boýy bilen çümdi,
sowgat berlen maşynlary, gämi almaga, orden-medala, ada-şöhrata kowalaşmaga, millionlap halk
puluny sowrup, doglan gününi bellemäge başlady.
Adamlar “bul-a oňarmady, “öwlen oglan öňe nemeder” diýleni boldy” diýdiler.
Bu zatlaryň hemmesi asyrlyk däp-dessurlar, milli mukaddeslikler, dogruçyllyk esasynda ýaşamagy
gowy görýän, çagalaryna dogruçyl, halal bolmagy ündeýän gowy maşgalalarda hökümet başyndaky
adamlara ynanmazlyk, olar barada gürrüň edilende ýaňsyly ýylgyrmak ýaly gylyklary,
kinaýaçyllygy, iň ýamany bolsa, içde bir ýerlerde baslygyp ýatan gahar, ýigrenç döredýär.
Haýp, Arkadag bu emele gelen howply ýagdaýy sadaka, ýalançy ýaşulular bilen ýeňlederin öýdýär.
Şol bir wagtda-da ol kanun goraýjylaryň eden-etdilikleri, hökümet korrupsiýasy barada dil
ýarmaýar. Bu prezidentiň başynyň saglygynyň, ýagny sagdyn pikir edip bilmegiň alamatymyka?
Aşgabat diktaturasynyň antihalk oýunlary (24.12.2013)
Türkmenistanda döredilen awtoritar režim ýetip gelýän 2014-nji ýylyň öňüsyrasynda hem halkyň
garşysyna oýnaýan rehimsiz oýnuny dowam etdirdi. Ýöne Aşgabatda we ýurduň beýleki ýerlerinde
baýramçylyga gabatlanyp bezelen arça agaçlarynyň köpelmegi, paýtagtda geçirilen Aýazbaba
seminary, Garpamyk, Aýazbaba kömekçi bolmak ugrunda ýaş gyzlaryň we çagalaryň arasynda
geçirilen konkurs, baýramçylyk gurmaçylgynyň öňki ýyllara garanda hem güýçlendirilmegi ýurtda
At ýylynyň alnynda bir galagoplugyň bardygyny ýaňzydýana meňzeýär.
TDH-nyň berýän maglumatyna görä, Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň duşenbe
güni geçiren wideoşekilli maslahatynyň baş temasy Täze ýyl dabaralarynyň gurnalyşy barada boldy.
Maslahata gatnaşan resmiler bu baýramçylyga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Olaryň
aýtmaklaryna görä, Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde elektrik energiýasynyň,
mobil telefon we internet aragatnaşygynyň bökdençsiz üpjünçiligi ýola goýlar (henize çenli
bolmadyk zat), bazarlarda halkyň sarp edýän senagat harytlarynyň we azyk önümleriniň bolçulygy
dörediler, jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň goragy berkidiler (bolan we bolup biljek zat). Mundan
başga, ýerli uçar gatnawlaryna ýene 20 reýsiň goşuljagy habar berdildi.
Ýurduň paýtagtynda we regionlarda ýerli sungat we medeniýet ussatlarynyň gatnaşmagynda
baýramçylyk konsertleriniň hem gurnalmagyna garaşylýar (diktatura şertlerinde adaty zat).
Döwlet baştutany Täze ýyl baýramçylygynyň dabaralarynyň ýokary çeperçilik, originallyk bilen
tapawytlanmalydygyny, milli özboluşlylyk we ýokary döredijilik galkynyşy ruhunda
geçirilmelidigini aýtdy. Emma ol ýönekeý halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, esasan hem
oba ýerlerinde ýaşaýan garyplaryň, daşary ýurtlara giden migrant işçileriň yzynda galan hor
çagalaryna kömek etmek, ýurtda umumy abadançylygy, hakyky halk bagtyny döretmek hakynda hiç
zat aýtmady.
Şeýle-de prezident baýramçylyk mynasybetli taýýarlanýan tele-radio gepleşikleriniň, gazetžurnallarda çap edilýän makalalaryň mazmunyna, studiýalaryň we döwürleýin metbugatyň bezegine
aýratyn üns bermelidigini aýtdy.
Şu soňky jümleden, “mazmuna“ aýratyn üns bermelidigi barada berilýän ýörite tabşyrykdan hem
belli bolşuna görä, metbugat diňe prezidentiň isleýän öwgüli zatlaryny bermeli, ‘gazanylan beýik
üstünlikleri’ şöhratlandyrmaly, waspçylyk bilen meşgullanmaly. Bu metbugatda çynlakaý mesele
gozgaýan, kemçilikleri, şol sanda ýurtda giň ýaýran häkimiýet korrupsiýasyny açýan, ýönekeý
adamlaryň gündelik durmuşynda gabat geläýn üznüksiz kynçylyklaryny görkezýän faktlaryň
agzalmaly däldigini, metbugatda döwlet senzurasynyň saklanyp galýandygyny aňladýar. Ýogsa
baýramçylyk mynasybetli çap edilýän makalalaryň mazmuny, studiýalaryň bezegi bilen prezidentiň
näme işi bar ýa ol başga işini tüketdimi?
Aslynda bu oýun, dabara-şowhun bilen ýurtdaky problemalaryň üstüni örtmek hilesi ozalky
prezident S.Nyýazow tarapyndan başlanypdy we onuň esasy şygary ‘ruhubelentlik’ bolupdy.
G.Berdimuhamedow bu şygary ‘bagtyýarlyk’ bilen çalşyrdy. Bularyň ikisinde hem gaýgyly zatlar,
hatda ýurduň tanymal şahslarynyň ölümi, ganly ýol hadysalary, agyr jenaýatlar, tebigy
betbagtçylyklar, daşary ýurtlarda bolýan halk gozgalaňlary, döwlet agdarlyşygy we beýlekiler
barada hem habar bermek bolmaýar.
Ozal ýasama ruhubelentlik moda edilen bolsa, indiki ideologiýa ýasama bagtyýarlyga esaslanýar.
Hut şu ýasama bagtyýarlygy ‘satmak’ üçinem uly-uly arça agaçlary bezelýär, çagalardan ak
matadan tikilen eşikleri satyn almak we maşgala býujetiniň hasabyna hökümet propogandasyna
gatnaşmak talap edilýär. Bu propaganda sungat, medeniýet işgärleri, ene-atalar hem zorluk ýa-da
mejbury-meýletinlik esasynda çekilýär.
Dogrusy, bular Türkmenistanda döredilen we barha berkidilýän diktaturanyň iň bärkije oýunlary.
G.Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri ýurtda ozal S.Nyýazow tarapyndan döredilen ýowuz,
repressiw režimiň ýüzünu ýuwmak, ýagny ony has adamkärçilikli, ynsanperwer edip görkezmek
synanyşygy edilýär. Bu türkmen ideologlaryna Türkmenistanyň dünýä kartasynda daşardan
başgalara görünşini üýtgetmek, ýerli halky ýene-de aldamak üçin gerek. Sebäbi Türkmenistan
dünýäde iň bir repressiw, adam azatlyklaryny we hukuklaryny hemme taraplaýyn basgylaýan, şol
bir wagtda iň korrumpirlenen ýurtlaryň biri diýlip tanalýar.
Türkmen häkimiýetleri indi Berdimuhamedow häkimiýete geleli bäri ozalky diktaturanyň
ýalňyşlyklaryny düzetmek (aýdaly, ýatyrylan ýa kesilen pensiýlary dikeltmek, Ylymlar
akademiýasyny, operany, sirki gaýtadan açmak, mekdep reformasy we ş.m.-ler), kanunlary
kämilleşdirmek, syýasy reforma geçirmek, ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryna geçmek tagallalary
bilen meşgullanýan ýaly görünýär.
Emma kabul edilýän ‘kämilleşdirilen’ kanunlaryň işlemegi üçin hiç bir şert ýok, sudlar garaşsyz däl,
metbugat döwlet eýeçiliginde we prezident onuň mazmunyna berk gözegçilik edýär, garaşsyz
jemgyýetçilik guramalary, hatda garaşsyz adam hukuklary topary hem ýok. Häkimiýetler, adam
hukuklary boýunça halkara konwensiýalarynyň bir toparyna gol çekendiklerine ýa olary
tassyklandyklaryna garamazdan, türkmen türmelerinde ýitirim edilen syýasy tussaglar barada hiç
bir maglumat bermeýär, halkara jemgyýetçiliginiň hukuk ekspertlerini ýurda goýbermeýär.
Ýurtda döredildi diýilýän ikinji syýasy partiýa bolsa, diktatura oýnunyň dowamy, ýagny prezidentiň
biznesini ýöredýär diýip bilinýän A.Dadaýewiň gatnaşmagynda hakyky syýasy partiýalaryň
döremegini gijikdirmek üçin göçülen nobatdaky göçüm boldy.
Ýurtda geçirilen ilkinji köppartiýaly saýlaw, parlamente geçirilen ses berişlik hem diktaturanyň
halkyň azat-erkin ösüş ýoluna, demokrartiýa tarap has gerimli gadam urmagyna garşy edilen
hereket boldy. Bu saýlawlar netijesinde parlamentde halkyň bähbitlerini gorap açyk çykyş edip
bilýän deputatlaryň saýlanandygyna hiç kim ynanmaýar diýip, kesgitli aýdyp bolar.
Şol bir wagtda ilatyň aglaba köpçüliginiň, esasan oba adamlarynyň çendenaşa garyplygy, işsizlik,
türmeleriň adamdan hyryn-dykyn edilmegi we parahorluga ýugrulan amnistiýalar netijesiuinde her
baýramçylykda ýeňledilmegi, daşary ýurtlara iş, okuw gözläp gitmek tendensiýalary, şeýle-de
türkmeniň içinden ýetişen akylly adamlaryň, beýnileriň gitmegi ýa ýurtdan baş alyp gaçmagy
dowam edýär. Häkimiýetleriň diňe korrupsiýa, dymmaga we lepbeýçilige ukyply adamlary ýokaryk
çekip, zehinli, dogruçyl we professional adamlary ýekirmegi bu prosesiň esasy binýady bolup
durýar.
Ýurtda işe girmek, işiňi saklamak, ýokaryk çekilmek, türmä basylmazlyk, türmeden çykmak, iş
açmak, biznes etmek, okuwa girmek we okamak üçin para bermek owalda-ahyrda görülmedik
möçberlerde giň ýaýran we para indi türkmen jemgyýetiniň gündelik, sagatlyk normasyna öwrüldi
diýip hem çekinmän aýdyp bolar.
Emma hökümet bu prosese göz ýumýar we diňe bölekleýin ýagdaýda, prezident derejesinde edilýän
ýüzleý tankyt bilen, diňe käbir korrupsiýa faktlaryny, prezidente gerek bolanda tassyklamakdan
aňryk geçmeýär. Mysal üçin, prezident şu ýyl prokuratura edalarynda giň ýaýran korrupsiýa garşy
käbir çäreleri gördi, emma bu işi aňyrsyna çenli, çuňdan açmaga het edip bilmedi. Bu ýagdaý onuň
S.Nyýazowyň populist emellerini, aýdaly, ozalky baş prokuror G.Atajanowany paş edip, bortdan
zyňylýan emeldarlary ‘il söýgüsini’ gazanmakda ulanyşyny hem gaýtalap bilmeýändigini, ýa-da
juda gowşak gaýtalaýandygyny görkezdi.
Ýöne bu prezident Berdimuhamedowyň Nyýazowdan ‘öwrenen’ zatlarynyň azdygyny asla
aňlatmaýar. Mysal üçin, ol Nyýazowdan daşary ýurtly gurluşyk kompaniýlary bilen kontrakt
baglaşmagy, nebitden-gazdan gelýän pullary diňe öz ygtyýarynda saklap, bu meselede hiç kime,
hatda parlamente hem hasabat bermezligi öwrendi.
Taryha gidýän 2013-nji ýyl Berdimuhamedow üçin biznes meselesinde ‘şanly ýyllaryň’ biri boldy
diýip aýdyp bolar. Türkiýäniň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýanyň türk metbugatynda peýda
bolan sözlerinden belli bolşuna görä, Türkmenistan, has dogrusy G.Berdimuhamedow bu ýylda türk
firmalary bilen 10 milliard 200 million dollara durýan iş şertnamlaryna gol çekipdir. Eger bularyň
üstüne fransuz, rus, ukraina, hytaý, ýapon firmlary we beýleki daşary ýurt kompaniýalary bilen
baglaşylan kontraktlary hem goşsaň, bu görkezjiler has uly bolar. Resmi Aşgabat, belki-de gizläre
we gorkara zat bardygy üçin, bu sanlary çap etmeýär.
Emma Türkmenistanda sanlar çap edilmese-de, internetde, Azatlyk Radiosynyň beren maglumatyna
görä, Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşingtonda ýerleşýän Jorj Waşington uniwersitetinde hem
Türkmenistanda gurlyşyk pudagynda, prezident maşgalasynyň gatnaşmagynda emele gelen
çylşyrymly ýagdaýlar barada ozal kän açyk agzalmaýan gürrüňler edildi.
Mundan başga, 2013-nji ýylda Türkmenistan ýa-da onuň prezidenti üçin ýene bir oňaýsyz ýagdaý
boldy, Türkiýeden Türkmenistana uçar bilen getirilmekçi bolnan altyn ýüki saklandy. Bu altynlar
Türkmenistanda esasy iş kontraktlaryny alýan “Polimeks“ firmasyna, prezident
Berdimuhamedowyň ýakyn dosty Erol Tabança degişli bolup, resmi düşündirişe görä, türk
firmasynyň eýran firmalaryna tölegi üçin Aşgabada getirtilýän eken.
Eger soňky çykan habarlary, ýagny Türkiýäniň Eýrana energiýa satyn alandygy üçin berýän
pullarynyň altyna öwrülişi bilen bagly tyran skandaly nazara alsaň, Ankara bilen Aşgabadyň
korrupsiýa meselesinde ozal kän bildirmedik kellagyrysy gelýän At ýylynda asla az bolmajak ýaly.
Türkiýäniň baş bakany Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýede sud-prokuratura organlarynyň korrupsiýa
garşy başlan töwerekleýin derňew operasiýalaryny öz hökümetiniň aýagynyň aşagynyň
köwülmeginiň bir alamaty diýip kabul etdi. Bu bir tarapdan dogry, ýöne ikinji tarapdan, şeýle
korrupsiýa ýol bermek, belki-de onuň bir bölegi bolmak bilen, türk hökümeti ozaly öz aýagynyň
aşagyny özi köwdi diýilse, has ýerlikli bolardy.
Rejep Taýyp Ärdogan bu ‘aýak köwmede’ Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethulla
Güleniň tarapdarlaryny günäleýär, ýagny olaryň ‘döwlet içinde döwlet’ döredip, 2014-nji ýylda
boljak parlament we prezident saýlawlaryndan öň hökümetiň halk içindäki abraýyny gaçyrjak
bolýandygyny aýdýar. Sebäbi korrupsiýa derňewi onuň ministrleriniň, şol bir wagtda özüniň toplan
bikanun baýlyklarynyň üstüni açyp-da biler diýen çaklamlar bar. Bu Türkiýede gelýän 2014-nji
ýylda syýasy göreşiň ýitileşjekdigini, belki-de hökümetiň çalyşjakdygyny aňladýar.
Türkmenistanda gelýän ýyl syýasy göreşiň ýitileşjekdigini ýa boljakdygyny aňladýan zat görnenok,
ýöne G.Berdimuhamedowyň öz ‘biznes aktiwlikleri’ barada onda-munda çykýan habarlardan alada
galýandygyny görkezýän alamatlar welin bar. Mysal üçin, ol golýada ýurduň maliýe-bank
sistemasyny tankyt etdi, bank ýolbaşçylaryny özlerine baýrak bermekde günäledi. Bu onuň
Nyýazowdan öwrenen ýene bir emelini, başgalary, ministrleri we häkimleri garalap, bir özüniň
‘akja jüýje’ bolmak oýnuny oýnamaga taýýarlyk görýändigini aňladýar. Eger şol oýun has
ynandyryjy oýnaljak bolsa, geljek ýyl onlarça türkmen resmisi, täze dörän Gurbanbibi
Atajanowalar, Rejep Saparowlar, Ýolly Gurbanmyradowlar paş edilip, türmä basylmaly bolar.
S.Nyýazow döwründe halkyň ‘ýürek tesellisi’, esasan, telewideniýede görkezilýän işden kowuşlyk
we il ortalaýyn kemsitme aktlary bolupdy. Gündeilik durmuşynda yzygider kemsidilýän halk uly
wezipeli adamlaryň kemsidilmeginden, belli daşary ýurt serialyndaky ýaly, ‘baýlaryň hem
aglamagyndan’ biraz teselli tapýardy.
Türkmenistanda ýönekeý halk hemişe syýasatdan çetde durýar. Adamlar, esasan hem ýaşuly nesil
‘biziň sowet döwründe, esasan 1930-njy we 1940-njy ýyllarda gözümiziň ody alyndy’ diýýärler.
Şeýle-de adamlar S.Nyýazowyň oppozisiýa, dissidentlere, intelligensiýa garşy ulanan repressiýa
çäreleriniň halky has gorkuzandygyny we syýasatdan daşlaşdyrandygyny aýdýarlar. Munuň
üstesine, ‘türkmenbaşy’ döwründe ýetişen tutuş bir nesil syýasy taýdan ‘kör’ edildi ýa-da neşe
duzagyna düşürildi, ululy-kiçili ýolbaşçy işgärler bolsa, korrupsiýa duşagy bilen duşaklandy diýen
pikirler kän aýdylýar.
Emma bular Türkmenistanda syýasy düşünjäniň ýa pikirlenişiň düýpden ýokdugyny aňlatmaýar.
Halk içinde, goý ol oba ýeri bolsun ýa şäher, tapawudy ýok, häkimiýet korrupsiýasy, halka garşy
edilýän emeller, bazar ykdysadyýetine geçişi haýallatmak, merkezleşdirilen, bir adamyň
hökmürowanlygyna daýanýan diktaturany saklamak ugrunda görülýän çärelere dogry düşünýän,
ýagny olaryň progrese garşydygyny, halka garşydygyny bilýän adamlar barha köpelýär. Bu aňdüşünje ýaýrawy indi, internetiň açylmagy, daşary ýurtlara okuwa, işe giden adamlaryň köpelmegi
bilen, ýaşlaryň arasynda hem köpelýär.
Has anygy, diktaturanyň, Aşgabat režiminiň onlarça ýyllap halka eden sütemi halkyň gözüniň has
giň açylmagyna, sütemkär režimiň edýän at göçümlerine analiz beriş, pikirleniş we netije çykaryş
ukybynyň ösmegine itergi berýär. Ýagny Aşgabatda, Nyýazow döwründen tapawutlylykda, baýlar
bilen garyplaryň aratapawudynyň has giňemegine, häkimiýet korrupsiýasyna has giň ýol açan
Berdimuhamedow režiminiň ýüzüniň açylmagy, halk bilen birlikde özüne garşy hem işlemegi
dowam doly güýjünde edýär.
Has türkmençe aýtmaly bolsa, häkimiýetler antihalk oýunlaryny dowam etdirýärler, halk içindäki
doga akylly adamlar, pikirlenmek ukyby bar ýaşlar muny bilýär. Diktatura bolsa, köşkden syzýan
maglumatlara görä, munuň bilinýändigini bilýär we gelýän ýyla aladaly, ünjüli taýýarlanýar.
Berdimuhamedowyň “Bermud üçburçlugy” (05.07.2014)
Türkmen aga ozallar “Garynja gara günde, gurbaga saz bilen söhbetde” diýerdi, indi “Garamaýak
gara günde, Gurbanguly saz bilen söhbetde” diýýär.
Ýöne bu saz-söhbetiň Daşoguzda, prezident Berdimuhamedowyň doglan gününi dabaralandyrmaga,
onuň “dünýäde ykrar edilen liderligini” mahabatlandyrmaga bagyşlanan hepdeliginiň yz ýanyndan
milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe käýinç berilmegi hatda ýurduň milli howpsuzlyk
işgärleriniň arasynda hem bir topar sorag döretdi. Eger-de munuň Berdieýewe şu ýylda berlen ikinji
käýinçdigini nazara alsaň, bu soraglar hasam galňaýar.
Milli howpsuzlyk howpy
TDH-nyň ýazmagyna görä, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Ý.Berdiýew
öz öňünde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmändir hem-de Milli howpsuzlyk ministrligine
garaşly gurluşlaryň işine gözegçiligi gowşadypdyr.
Şol bir wagtda, ýapyk ýurtda adat bolşy ýaly, ministr Berdiýewiň hakykatda prezidenti haýsy
meselede “nägile edendigi” belli däl. Belki-de bu nägilelik, medeni oppozisiýanyň tasdan ýok
edilendigine garamazdan, il içinde prezident we onuň töweregindäkiler hakynda edilýän “gybatlar”,
netijede ýapyk we has howply görnüşdäki yslam ekstremizminiň güýçlenip barmagy bilen baglydyr
(Hakykatda MHM-ä halky döwletden bizar etmekde, häkimiýet bilen halkyň arasynda sowuk
ýigrenç diwaryny döretmekde eden işleri üçin käýinç bermeli!).
Ýöne Berdiýewe käýinç berlen howpsuzlyk mejlisinde ýurduň ýaragly güýçlerini iň kämil harby
tehnika bilen üpjün etmek, goşunda harby-watançylyk terbiýäni, taktiki taýýarlygy hem-de
esgerleriň söweşjeňlik başarnygyny ýokarlandyrmak, serhet goragy, harby reformalar barada edilen
batly gürrüňlerden çen tutulsa, Türkmenistanyň Ýragly güýçleriniň belent serkerdebaşysy
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň goranmak ukyby, hususan-da Owganystan bilen aradaky
serhetde emele gelen çylşyrymly ýagdaý, türkmen esgerleriniň söweş taýýarlygynyň gowşaklygy
barada hem çynlakaý alada edip başlan ýaly görünýär.
Eger biraz yza çekilsek, S.Nyýazowyň Türkmenistanyň “hemişelik bitaraplyk statusyna” duwlanyp,
ýaňy döreýän türkmen goşunyny sallançakda bogandygyny aýtmaly bolarys. Türkmen esgerleriniň
özlerini eklemeli edilen we köçede, kişi gapysynda dilegçilik eden günleri entek ýatdan çykanok.
Berdimuhamedow goşunyň ýagdaýyny biraz gowulaşdyrdy, muny hakykatyň hatyrasyna aýtmak
gerek. Emma suraty doly göz öňüne getirmek üçin başga-da aýdylmaly zatlar bar. Türkmenistan
sebitde ilatynyň jan başyna düşýän tebigy baýlygy boýunça iň gowy ýagdaýdaky ýurt bolsa-da,
bazar ykdysadyýetine geçmek prosesi hökümet korrupsiýasy arkaly jylawlanansoň, halk köpçüligi
juda erksiz, häkimiýet wekillerine aşa garaşly we köplenç halatda hiç bir protest bildirip bilmejek
gul ýagdaýynda saklanýar.
Taryhy dokumentler türkmenleriň batyr, edenli, söweşiji halk bolandygny görkezýär. Emma mongol
ýörişlerinden soň Eýran bilen Hywanyň arasynda uzaga çeken surnukdyryjy goranyş, gaça uruş
ýagdaýy, soňra rus basybalyjylygy, sowet döwrüniň “arassalaýyşlary”, “Beýik watançylyk urşy”
diýilýän Ikinji jahan urşy we S.Nyýazowyň “altyn asyry” türkmenleri nalajedeýin, “meni urany
hudaý ursun” diýip oturan bir millete öwrene meňzeýär.
G.Berdimuhamedow prezident bolandan soň, korrupsiýanyň has giňden ýaýramagy bilen, türkmen
döwletiniň gelejegine umutsyzlykdan daşary ýurtlara gidenleriň has köpelendigi hem çak edilýär.
Emma türkmen hökümeti professionallaryň ýa-da öz pikirli, aň-akyl taýdan has ýokary derejeli
raýatlaryň yza çekilmeginden, okuw, iş “sebäpli” başga ýurtlara gitmeginden hiç wagt çynlakaý bir
alada galmady. Häkimiýet başyndakylar munuň – taýýarlykly adamlaryň azalmagynyň - ýurdy uzak
möhletli bir ýagdaýda gowşadýandygy, olaryň ýerini has gowşak kadrlaryň doldurýandygy we
netijede ýurduň gowşaýandygy hakynda pikir edip bilmeýärdiler. Tersine, biz bilen pikir alşan milli
howpsuzlyk işgärleriniň özara gürrüňçilikde aýtmaklaryna görä, bu ýagdaý ýokarky ýolbaşçylar
tarapyndan KGB-MHM kontrollugynyň gowy netijesi, belki-de prezident diwanynyň uly ýeňşi
hökmünde kabul edildi. Türkmen döwletiniň dogruçyllary, professionallary gysyp, ýaranjaňlary,
ýalançylary öňe çykarmagy we sylaglamagy dowam etdirmegi, Milli howpsuzlyk ministrligindäki
ynamdar çeşmäniň pikirine görä, diňe şu logika bilen düşündirilip bilner.
Emma indi ýurda hakyky goragçylar, watançy söweşijiler gerek! Şu wagta çenli, prezident
derejesinde we onuň ideologlary tarapyndan, Gözel Şagulyýewanyň goşgulary, prezidentiň atasy
Berdimuhammet Annaýewiň ömür ýoly, sowet döwründe türme gullukçysy bolan Mälikguly
Berdimuhammedow baradaky bir taraply ýatlamalar ýaşlara watançylyk terbiýesini berer diýlip
ynanylýardy. Emma indi (belki-de Yrakda Nuri al-Malikiniň häkimiýetiniň üstüne abanan jeňçiler
howpundan soň) iň kämil harby tehnika barada gürrüň edilýär. Eýsem, kämil harby tehnika, Watan
üçin baş goýjak ogullar ýeterlik bolmasa, Berdimuhamedowyň köşgüni gorap bilermi?
Türkmenistanyň metbugatynda daşary ýurtlardaky, sebitdäki gowgaly wakalar, uruşlar barada
maglumat berilmeýär. Emma bu prezident Berdimuhamedowyň Ýakyn Gündogarda barýan
uruşlardan, Ukrainadaky ýagdaýlardan bihabardygyny aňlatmaýar. Bulardan öň “arap ýazy” hem
bolupdy, emma Berdimuhamedow Ben Aly, Kaddafi, Mubarek ýaly uzak ýyllyk diktatorlary tagtdan
agdaran harasat bir gün Türkmenistana geler diýip alada galmandy ýa-da bu aladasyny bildirmändi.
Emma indi ol alada edýär. Ýöne dogry edýär. Sebäbi Siriýada we Yrakda bir topar ýeri basyp alan
“Yslam döwleti” ýa “Halyfat”, kellesi işleýän islendik lideri oýlandyrmaly…
Mundan başga, Owganystandaky halkara goşunlarynyň ol ýerden çykmaga taýýarlanmagy,
Özbegistanda diktator Y.Kerimowyň ýerine yslamçylaryň gelmek howpy bilen bilelikde,
Türkmenistan öz içinde dörän ýapyk yslam hereketi barada hem alada etmeli ýaly bolup görünýär.
Sebäbi, ýurtda dörän sosial deňsizlik, adalatsyzlygyň giň ýaýramagy, jenaýtyň köpelmegi we soňy
gelmeýän basha-baslyk, türmelerde hudaýdan başga sygynmaga ýer goýulmazlygy, hökümet
elitasynyň we hökümet biznesmenleriniň aşa baýamagy çäresiz adamlary barha we barha köp
yslama, ekstremizme itekledi.
Milli howpsuzlyk ofiserleriniň özara gürrüňçilikde aýtmagyna görä, Siriýada hökümete garşy
söweşýän türkmenistanly söweşijileriň garyndaşlary “özlerinden hak we adalat ýolunda şehit
bolmaga taýýar ogullaryň çykandygyna” buýsanýarlar. Şol bir wagtda, türkmen goşunynda türkmen
döwleti üçin baş goýup söweşjek ýaşlar ýeterlikmi diýen çynlakaý bir sorag gelip çykýar. Eger-de
Yrakdaky ýagdaýlara sähel çalymdaş bir şert dörese, olar yrak goşunlarynyň Mosulda edişi ýaly,
özlerinden kän az jeňçiden ýaraglaryny tapşlap gaçmazlarmy?
Mälim bolşy ýaly, häzir türkmen goşunynda esasan garyplaryň çagalary gulluk edýär. Sowet
döwründe hem Owganystanda esasan garyp halkyň çagalary gulluk edipdi. Prezident
Berdimuhamedowyň watançylyk-terbiýesi barada alada etmegi dogry, sebäbi goşundaky garyp
oglanlar öz arkalarynda bir döwletiň durandygyna, o döwletiň özleri, ene-atalary, naçar uýalary üçin
mertebeli bir durmuş mümkinçiligini döredip biljegine o diýen ynanmaýarlar. Şonuň bilen birlikde,
olaryň köpüsi indi, Nyýazow döwründäki ýaly aç-hor we ýyrtyk eşikli bolmasalar-da, ýurt gorajak
diýip, Aşgabatda ýyndam maşynlarda keýp çekýän elita wekilleri üçin yslamçy jeňçileriň öňünde
durmagy borç hasaplamaýar.
Bu, has gönüläp aýdylanda, professional goşun döretmegiň öňüni alan, adamlary tabyn we gorkak,
garyp we çäresiz eden režimiň özüniň hem çäresiz, gorkuly bir ýagdaýa gelip düşendigini, onuň indi
daşardan we içerden geljek howplardan goranmaga taýýarlanmagyň aladasyny edip, dowla düşüp
başlandygyny aňladýar. Emma bu ýerde esasy mesele Türkmenistanyň Ýaragly güýçleriniň belent
serkerdebaşysy, goşun generaly G.Berdimuhamedowyň häkimiýet geleli bäri goýberen düýpli
ýalňyşlaryna bolmanda indiden soň düşünmeginde ýa düşünjek bolmagynda. Eger ol şol ýalňyşlara
düşünip, hakykatdanam reforma başlasa, ýurda geljek zyýanlary bolmanda azaldyp bilerdi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlikde ilkinji eden düýpli ýalňyşy S.Nyýazowyň ýoluny
dowam etdirmek boldy. Ýadyňyzda bolsa, ol Nyýazowyň beýik serdar bolandygyny tassyklap, onuň
ýoluny gyşarnyksyz dowam etdirmegi wada berdi. Ol bu wadany näme diýýänine doly düşünip
berendir diýip bolmaz. Sebäbi ol “Nyýazowyň ýoly” diýilýäniň döwleti, halky nähili ýagdaýa
salanyna düşünip barýan syýasatçy däldi. Ýogsa, Nyýazowyň elini ogşap, öz mertebesini ýere salan
wezipeli türkmenleriň çeken wyždan azaby Berdimuhamedowa hem tanyş bolmaly ýaly, Uzyn
sözüň gysgasy, ol syýasata tötänden, diş doktorlukdan, häzir türmede oturan “dosty”, ozalky wisepremýer Ýolly Gurbanmyradowyň kömegi bilen geldi.
S.Nyýazow Ýolly Gurbanmyradowy, beýleki ýakyn egindeşlerini garalanda edişi ýaly, uly
möçberde galplyk, ogurlyk etmekde aýyplady. Ýöne bu hili galplyklar S.Nyýazowyň işe belleýän
çinownikleriniň arasynda adaty, belki-de uly il tarapyndan bilinýän bir zatdy. Türkmenbaşy
döwründe galp, ogry bolman, ýokary wezipä çykmak we ol ýerde uzak saklanmak iş ýüzünde asla
mümkin däldi.
Sowet döwründe “ösen” maşgalalar çagalaryny köplenç esasan iki ugurdan – ýuristlikden we diş
doktorlugyndan diplomly etjek bolardylar (ýokary bilimli däl, diplomly!). Gurbanguly
Berdimuhamedow maşgalasy tarapyndan okuwa salnanda (okuwa öz güýji bilen girýän gaty
seýrekdi) ýuristligi saýlan bolsa, bu onuň prezidentlik rolunda oýnadylýan mahaly kanun näme,
onuň kabul edilmegi we ýerine ýetirilmegi näme, şu hili käbir praktiki detallara düşünmegi üçin
peýdalyrak bolardy. Emma ol pully, wezipeli adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň dişini
bejerip, köp pul gazanmak, abat dişini gyzyla gapladýan görümsizlerden peýdalanmak ýoluny
saýlap alyp, şol ýerden hem ilki ministrlige, wise-premýerlige, soň prezidentlige -diktatoryň
kürsüsine getirildi.
G.Berdimuhamedowyň prezidentligi, onuň özüniň hem aýdyşy ýaly, S.Nyýazowyň başlan ýolunyň
dowamy boldy. Bu näme diýmek bolýar? Bu Türkmenbaşy döwründäki masgaraçylykly şahsyýet
kultuny, ýalançylygy, pöwhe propagandany, aç-açan we ýykgynçylykly korrupsiýany, giň ýaýran
parahorlugy dowam etdirmek, işsizlige, garyplyga, halkyň güzeran-ýaşaýyş problemalaryna göz
ýummak diýmek bolýar.
Ýok ediji korrupsiýa
Türkmenistanda häzir çagalar bagyndan, mekdeplerden başlap, prezident edarasyna çenli aralykda
para-peşgeş durmuş normasyna öwrüldi. Hatda köçe süpüriji, gap-gaç ýuwýan bolup işe girmek
üçinem para bermeli. Şol bir wagtda hiç kimiň, juda samsyk bolmasa, uzak işlejegine ynamy ýok. Iş
sagadynyň normadan kändigi, şertleriň agyrdygy, aýlygyň azdygy barada dil ýarmak howply.
Sebäbi ýeriňe has az aýlyga iki esse kän işlejek işsizler armiýasy garaşyp dur.
Prezident Berdimuhamedow ýa-da onuň hökümeti korrupsiýa garşy göreşmeýär. Ýokary okuw
jaýynda para alýan adamlaryň käbiri paş edilenden soň, bu göreş ýatyp galdy (ÝOJ-larda bolsa, ne
okamak isleýän student, ne-de okatmak isleýän professor bar, olar diňe pul-para pikiri bilen
ýaşaýarlar). Şondan soň, il içindäki gürrüňlere görä, ýokary okuw jaýlaryndaky para prezidentiň
aýal doganlarynyň biznesine öwrüldi.
G.Berdimuhamedowyň öz esasy biznesi gurluşyk kontraktlary bilen bagly. Oňa il içinde “Baş
arhitektor” hem diýýärler.
“Berdimuhamedowyň Bermud üçburçlugy onuň bahasy çişirilen kontraktlara aşyk bolmagyndan
başlandy” diýip, Milli howpsuzlyk ministrligindäki çeşme aýdýar. “S.Nyýazow döwründe gurluşyk
kontraktlary esasynda edilýän ogurlyk beýle giň gerime eýe bolmandy, indi bu işden peýda görýän
ministrler we araçylar has köpeldi. Olaryň çagalary 100 müň dollarlyk sagatlaryny, gymmatbaha
ulaglaryny we eşiklerini güjeňläp, garyp millete azar ýamanyny berýärler. Türk biznesmeni Erol
Tabançanyň Türkiýeden Türkmenistana tonnalap altyn plitalaryny daşaýandygy belli bolandan soň,
halk içinde “Berdimuhamedowyň Bermudynyň altyn burçy” diýen ýaňsylama peýda boldy. Ozal
garyp adamlarda birazajyk umyt bardy, indi diňe lapykeçlik, çuň göwnüçökgünlik bar” diýip,
MHM-niň ofiseri aýtdy.
Türkmenbaşy döwründe-de, halk içinde aýdylyşy ýaly aýtsak, “ýolbaşçylaryň haramhorlugy”, giň
ýaýran wezipe ogurlyk-jümürlikleri ýönekeý adamlarda diňe bir duýgyny – ýigrenji köpeldipdi.
Nyýazow öz işe bellän çinowniklerini garalap, halk gaharyny özünden başga ýolbaşçylara
gönükdirýändirin öýdüp pikir edýärdi. Emma adamlar ol ýolbaşçylaryň Nyýazowa arka diremän,
ondan bidn hiç bir iş edip bilmejegine düşünmez ýaly samsyk däldiler.
Nyýazowdan tapawutlylykda, Berdimuhamedow gurluşyk bahanasy bilen halk puluny milliardlap
ýele sowurmagy dowam etdirmegiň üstesine, adamlaryň jaýyny ýykmagy, olary islemeýän ýerlerine
göçürmegi we ipoteka karzlaryna sokup, bergi-borja batyrmagy hem kada öwürdi. Şol bir wagtda ol
Nyýzow ýaly “özüni aklamagy”, “başgalary garalamagy” hem oňarmaýar. Has dogrusy, onda
özbaşyna, eline kagyz alman, Nyýazow ýaly sagatlap gürrüň etmek, halkyň ogly, halka nebsi
agyrýan, onuň bähbitlerini goraýan adam bolan bolmak başarnygy-ha asla ýok welin, eline ýazylyp
berlen zady ýat tutup, ynandyryjy gürläp bilmek ukyby hem ýok. Bu ýagdaý ýurtda Nyýazow
döwründe üsti çalaragam bolsa örtülen hökümet galplyklarynyň üsti açyk galmagyna, açyk dowam
etdirilemgine getirýär.
Netijede, sada adamlar ýurtda giň ýaýran adalatsyzlyga, korrupsiýa we parahorluga, elitanyň iň
ýokarsyndaky bölegiň aşa baýap, halk köpçüliginiň barha garyp düşmegine diňe
Berdimuhamedowy jogapkär hasaplaýar. Emma ol bu ýagdaý barada pikirlenmegiň ýerine dijeýlik
edip, agtygy bilen at çapyp, ministrler bilen tigir sürüp, her hili eşikde surata düşüp, wagtyny şadyhorramlykda geçirýär.
Porruk propaganda
G.Berdimuhamedow türkmen taryhynda ilkinji “arhitektor prezidentliginden” başga ilkinji “çäreçi
prezident” hökmünde hem galsa gerek. Ýalan “ruhubelentlik”, toý-dabara, boş şowhun hem,
korrupsiýada bolşy ýaly, Berdimuhamedowa Nyýazowdan miras galdy. Emma Nyýazow özüni
sowet döwründe giňden tanalan, il içinde belli bir derejede hormatlanýan adamlara öwdürýärdi.
Şeýle-de ol öz adyndan esasan bir “mukaddes” kitap çykartmak bilen çäklendi we öz ata-enesini
başgalara öwdürdi. Berdimuhamedow bolsa, çöp-çalamdan, atdan-halydan-nahardan başlap,
atasyna çenli özi öwdi. Ikinji tarapdan, onuň baş waspçysy Nyýazowdan soň ýaşamajagyny aýdyp,
ile bellentgi bolan Gözel Şagulyýewa boldy. Bularyň hiç biri ikinji prezidentiň il içindäki abraýyny
ýokary götermedi. Ýogsa ol Nyýazowyň şahsyýet kultunyň dyrmaşan ähli belentliklerine çyrmaşyk
bolup çyrmaşmaga çalyşdy…
Berdimuhamedowyň propaganda çyrmaşygynyň Nyýazowyňkydan gowşaklygy, ýokarda hem
belleýşimiz ýaly, ozaly onuň özünden gaýdýar. Ýagny ol baş ýalançynyň roluny örän gowşak
oýnaýar. Baş roldaky aktýor gowşak bolsa, ikinji, üçünji derejeli rollar hem gowşak oýnalýar.
Mysal üçin, ideologiýanyň başynda goýlan B.Nurmyradowa aýallaryň içki eşikleri derejesine çenli
aşak düşdi we ahyry ýerini M.Ýazmuhammedowa bermeli boldy. M.Ýazmuhammedowanyň berip
ýa taýýarlap biljek ideologiýa höregi bolsa, türkmen diktaturasynyň çorbasynyň çorbasynyň
çorbasydy.
Munuň üstesine, propagandaçylaryňky hem juda kyn. Olar ynanyşýan adamlaryna duşanlarynda,
adatça: “Nädeli, başga alaç ýok, bizem bir zat edip çaga eklemeli-dä” diýip, ötünç soraýan ýaly
gürrüň edýärler (dogrusy, men olaryň çaga eklejek bolşuna örän gynanýaryn). Olar garyp galan,
talanan halka “gül ýaly ýaşaýandyklaryny” ynandyrmak wezipesini ýerine ýetirmegiň, prezidentiň
“gazanylan üstünlikleri mynasyp beýan etmek” talabyna hötde gelmegiň mümkin däldigine,
Nyýazow döwründe lenji çykarylan ýalan sözleriň indi ozalky netijelerini bermejegine, adamlaryň
çorbanyň çorbasynyň çorbasyny içip ýadandygyna we metbugatdan doly diýen ýaly ýüz
öwrendigine düşünýärler (bir žurnalist arada “indi biziňkem biraz ýeňledi, sebäbi adamlar ýazýan
zadymyzy okanok, ozalkylar ýaly, “näme diýerkäler?” diýip, öz ýanyňdan utanyp ýörmeli däl”
diýdi).
Diletantbaşy ýa-da sözsoňy ýerine
Türkmenbaşy döwründe bir anekdot, Nyýazowyň Germaniýada öz ministrleriniň içinden ýürek
donoryny seçişi baradaky degişme meşhurdy.
Onda S.Nyýazoiwyň Germaniýada medisina barlagyndan geçişi, doktorlaryň oňa “ýüregiň harap,
ony çalyşmaly” diýişleri gürrüň berilýärdi. Türkmenbaşy ýürek lukmanlarynyň aýdan zadyny öz
ýanyndaky çinowniklere, türk biznesmenlerine aýdýar.
Olar “Sapar Ataýewiç, meniň ýüregimi al-da, meniň ýüregimi al” diýip, bir-birine gezek bermän
gygyryşyp, beýik serdara ýalbarmaga başlaýarlar.
Türkmenbaşy bu ýagdaýy görüp, gözüne ýaş aýlaýar hem-de: “Indi ynandym, araňyzda aş dosty, iş
dosty ýok eken, hemmäňiz hakyky baş dosty ekeniňiz, halkyma eden bolsamam, size adalatsyzlyk
etmäýin. Maňa bir kepderi tutup getiriň” diýýär.
Çinownikler ylgap gidip, yzlaryna kepderili gelýärler. Türkmenbaşy kepderini eline alyp: “Çyrany
öçüriň, kepderini uçurjak, garaňky jaýda kimiň başyna gonsa, şonuň hem ýüregini alaryn” diýýär.
Diýlişi ýaly edýärler. Türkmenbaşy kepderini uçurýar, emma garaňky jaýdan diňe “küş, janawer,
küş janawer” diýen pyşyrdylar eşidilýär…
Türkmenbaşy döwründe bu anekdot dilden-dile geçip, daş obalara çenli baryp ýetdi.
G.Berdimuhamedow prezident bolup, Türkmenbaşynyň baş ýaranjaňy Myrat Garryýewe özüni
oýnadyp, don-telpek geýip, at münüp, egnine ak kepderi gonduryp başlanda, il içinde başga bir
anekdot, gysgajyk sowal-jogap meşhur boldy.
Onda şeýle diýilýär: “Hiç zat bilmeýän, emma hiç zat bilmeýänini bilýän adama kim diýýärler?”
“Professor.” “Hiç zat bilmeýän, hiç zat bilmeýänini bilmeýän, şol bir wagtda başgalaram hiç zat
bilmeýändir öýdýän adama kim diýýärler?” “Prezident Berdimuhamedow.”
Atamyrat Işan
Şöhratdan ýykylan Arkadag (04.07.2013)
29-njy iýunda, agşam sagat 9-a bäş minut galanda,
“Watan”
täzelikler
programmasynyň
G.Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan
sany başlanmanka, çagalarymy: aýalymy, iki oglumy,
olaryň gelinlerini, üç agtygymy ýanyma alyp,
daşaryk gezime çykdym.
Bu meniň hökümete, awtoritar prezidente we onuň halys ýürege düşen propagandasyna garşy bir
zatlar etmek pikiri bilen äden ilkinji ädimimdi…
Bolsa-da, biz ýaly, başga-da üýşüp gezip ýörenler bar eken we bu meniň içimdäki galagoplugy biraz
aşak basan ýaly etdi. Ikinji begençli zat, olaryň içinde bile işleýän, ýa bolmasa syýasat-beýleki
barada pikir alşan adamlarym hem ýokdy.
Ogullarym gelinleri, çagalary bilen öňden barýardylar. Men aýalymyň gulagyna pyşyrdadym:
“Göwnüme bolmasa, köçede gezip ýören öňkülerden kän, men ozalam “Watan” başlanmanka daş
çykýardym…”
“Ir begenme, birden “Watan” berilýän wagty köçä çykmasyz edäýmesinler…”
Biz gülüşdik, emma men bu degişmäniň çyna öwrülip biljegine birjigem şübhelenmedim.
1990-njy ýyllaryň başynda biziň hiç birimiz şu günki ýagdaýa geleris, hemme kişi bigäne bolar,
gapdalynda nähak ýanalýana, bikanun işden kowulýana, jaýy ýykylýana, para berip uly wezipä
geçýäne, eden jenaýaty üçin jogap bermeýäne… biparh, özüne hiç bir dahylsyz zat ýaly sereder
diýip pikir etmändik. Emma indi ýigrimi ýyldan gowrak wagt bäri hökümet, hökümete arka
direýänler nähili eden-etdilik, gözçykgynç, ahlaksyz hereket etseler, biz bilmedik, görmedik,
düşünmedik bolýarys. Sebäbi bilýän zadymyzy bilmän, görýän zadymyzy görýän diýmäge,
düşünýän zadymyza düşünýändigimizi aýtmaga gorkýarys. Dymsak, gözümizi ýumsak, bu zatlar
geçer, özümizem çagalarymyz bilen sag-aman galarys öýdýäris.
Emma soňky ýigrimi ýylda bolan, has anygy hökümet, onuň başynda duran birinji adamlar, şol
adamlary goldaýan emeldarlar tarapyndan edilen ýüzlerçe, müňlerçe bikanunçylyk tas hemme
adama, hemme maşgala ol ýa-da beýleki görnüşde, hökmany suratda bir şarpyk çaldy ýa
ýumrukmydyr taýak, paltamydyr teşe… salandyr, awundyrandyr, çürkändir diýsek, hiç bir jähtden
öte geçme ýa ulaltma bolmaz.
Bolan betbagtçylygy anygrak göz öňüne getirjek bolsaň, beýleki welaýatlardan, etraplardan, başga
obalardan bile okan oglanlaryň bilen habarlaşaýmaly.
Bile okan oglanlar bir-birine ynanýar, çynyny aýdýar, içini dökýär. Paýtagta işi düşüp, gezelenje
gelseler, ýa telefon etseler, kursdaş oglanlarymyň aýdýan, gürrüň berýän zatlaryny diňlesem,
obalarda bolan talaňçylyk, garypçylyk hakda eşitsem, gözüm garaňkyraýar. Eger sorasaň, olaryň
hersi öz bildiginden, eşitdiginden giden zady gürrüň berer.
Adamlaryň başyna düşen zatlary diňleseň, görlen horluklary eşitseň, ölmän galanlaryň arasynda
psihikasyna ol ýa beýleki derejede zeper etmän galan adam barmyka diýip, öz-özüňe sorag bereniňi
duýman galýarsyň.
Bir gezek, kursdaş oglanlaryň biriniň “Biz bir azajyk millet, garaşsyzlyk bilen gelen bikanunçylyk
bolsa gaty kän we çekip-çydardan has agyr boldy” diýeni ýadymda galypdyr.
“Emma biz ol bikanunçylyklary çekdik, çydadyk” diýip, içimdäki pikirimi daşyma çykardym.
Aýalym egnime elini goýup, ýarym pyşyrdy bilen: “Çydamasaň näme bolýanyny bilýäň-ä” diýdi.
Bir sagat dagy gezim edip, öýe dolanyp geldik. Kakam içki jaýdan, telewizoryň öňünde ýazylan
düşekçesiniň üstünde ýatan ýerinden gyrgyrdy: “Hezillikden galdyňyz-ow, daşary ýurtlardan gelen
aýdymçylar prezidentiň doglan gününi gutladylar!”
“Biz-ä şony görmejek bolup gitdik” diýip, men kakamyň ýasama şatlygyna kejigip aýtdym.
“Oňarmansyňyz, görmelidiňiz. – Kakam meniň gaharymyň gelenini bilip, ýasama şadyýanlygyny
gaharly käýinç bilen çalşyrdy. – Öňki prezident baýdagy bahanalap, doglan gününi belleden bolsa,
bu Medeniýet işgärlerine daklyşyp, ile masgara boldy.”
“Näme, ýene bir zatdan ýykyldymy?” diýip, men kakamyň ugrundan gopdum.
“Aý, bilmedim welin, bu gezek şöhratdan ýykyldy öýdýän şunyň!” Kakam başyny ýaýkady.
“Pa-haý, kaka senem, tapan bolýan zadyňy” diýip, men ajy ýylgyrdym.
“Gülme, ýaňy siz gelmeziňizden bäş minut öň Atadurdy mollum jaň etdi. ‘Ýuwan, görümsiz,
oýnatgy’ diýip, Arkadagyňyza agzyna gelenni diýdi. ‘Dur-ow, telefon diňlenýändir’ diýsem,
‘diňlenip geçsin, eşitdirjek bolup aýdýan-da şu zatlary, niräň bir çyplak jalataýlaryna millionlap pul
dökýär, halkam aç’ diýýä.”
“Beh, Atadurdy mollum gaty seresap adammyka diýýädik-le?” – Men geň galyp soradym.
“Menem şony diýýän-dä, seresap dagy bärden gaýdýar, işlän ýyllarynda kölegesinden gorkan
adamdy. Şu gün ýolbars boldy ol, gaty gahary gelipdir.”
“Beýle gahar eder ýaly, Arkadag näme üýtgeşik hokga çykardy beýle?”
“Aý, bir topar çyplaga tans etdirip, doglan gün belleşini görseň, gahar etmez ýaly däl. Mekgä gidip,
hajam bolan bolýar. Indi öz bagşylarynyň öňünde epim-epim bolany az bolarly, daşary ýurtdan
getirýär gymmatdan-gymmadyny… Ýa öňki prezidentiň ruhy bilen ýaryşýarmyka bul oglan?
Munda ‘il-gün nähili gün görýär, beýtsem garyp millet näme diýer?’ diýen pikir ýok. Utançhaýadan soň doglanmy, nämemi? Ýa indi halys azdy şu…- Kakam şeý diýip, hasasyny alyp,
ýerinden turdy. – Atadurdy mollum köçede garaşjak diýdi, gelendir indi, şu töwerekde bir aýak
ýazyp geljek men.”
Men aşhanada gözüni tegeläp duran aýalymyň ýüzüne seretdim. Onuň kakamyň edýän gürrüňinden
gorkany bellidi. Birbada näme diýjegimi, kakamy saklajak boljagymy ýa zat diýmejegimi hem bilip
bilmedim. Ol bolsa eýýäm köwşüni geýip duran ýerinden Magtymgulynyň setirlerine hiňlenýärdi:
“Bir pul düşse bir üflisiň goluna, Göwsün açyp gezer gyşyň ýeline…”
Men ahyry: “Kaka! – diýip, gapydan çykyp barýan kakamyň yzyndan seslendim. – Atadurdy agany
bärik getireýin, ajyja çaýjagaz demläp bereýin, kakmaç ataryp, ýüz gram bereýin, öýde
derdinişäýiň, daşarda bir belaň üstünden eltäýmesinler?!.”
Kakam yzyna bir alarylyp seretdi-de, hasasyz elini gaharly silkdi: “Belaň üstünden eltilmedigimiz
bolýamy onsoň şeýdip daş çykmaga gorkup otursak?”
Men diýere söz tapmadym. Kakam gapyny aňyrsyndan gatyja ýapdy-da, Magtymgulynyň setirlerine
hiňlenip, hasasyny tyrkyldadyp, dostunyň ýanyna ugrady: “Bedasyla beglik ýetse bir günde, Alar
awun, salar guşun aňlamaz. Ýarlygy ýörigen nurbatsyz begler, Pukaranyň gözde ýaşyn aňlamaz…”
Men onuň hasasynyň sesiniň daşlaşyp barşyny diňläp oturyşyma, “Beh, gorkudan çykjak
bolýamykag-aý?” diýip, öz-özüme sorag berdim.
Türkmenistanmy ýa Gorkystan? (09.07.2013)
Türkmenistanda ilki S.Nyýazowyň şahsyýet kulty döredildi, indi G.Berdimuhamedowyň şahsyýet
kulty döredilýär.
S.Nyýazowdan tapawutlylykda, G.Berdimuhamedow öz agtygy Kerimgulynyň hem kultuny
döretmäge başlady. Bu onuň, goňşy Azerbaýjanda bolşy ýaly, häkimiýeti ogluna ýa agtygyna
geçirmek, belki-de Türkmenistany patyşalyga öwürmek niýetiniň bardygyny aňladýar.
Eger Türkmenistanda korrupsiýanyň giň ýaýrandygyny, ol korrupsiýanyň hem başynda birinji
ýolbaşçynyň we onuň ýakyn töweregindäki adamlaryň durandygyny hasaba alsak, bu ýerde
mantyk-da bar, logika-da: G.Berdimuhamedow prezidentlikden aýrylsa, il içinde aýdylyşyna görä,
oňa bikanun sowran pullary üçin “sud öňünde kelle ýalaňaçlamak” garaşýar.
Bu kysmatdan gaçyp gutulmagyň ýeke-täk ýoly hüjüm etmek, ýagny häkimiýetde näçe başarsaň
uzak oturmak we soň ony öz adamlaryňa geçirmek bolup durýar. Ýogsa özüň bilen bile ogulgyzyňy, doganlaryňy, ýegenleriňi hem türmä gapgarmagyň, gowy bolanda ýurtdan gaçyp sypmagyň
mümkin.
Eger indi “Arap ýazyny” we beýlekileri, altyndan doldurylan çemodanly diktatorlara gapysyny
açýan ýurtlaryň barha azalýandygyny, internetiň diktatorlaryň dünýäsini barha daraldýandygyny
hasaba alsak, G.Berdimuhamedow Türkmenistanda başardygyça uzak “Arkadag” roluny oýnamaly
bolar.
Ýöne onuň “Arkadag” roly öz-özlüginde işlemez, bu roluň syýasy sahnada ýerine ýetirilişine bütin
tomaşaçylaryň ör turup el çarpmagy, halk gozgalaňlarynyň turmazlygy, hakyky oppozisiýanyň
döremezligi üçin ýurtda S.Nyýazowyň synagdan geçiren gorky syýasaty azyndan otuz ýyl dowam
etdirilmeli bolar.
Metbugatda aýdylmasa-da, S.Nyýzowyň bir işlän we “netije” beren syýasaty “gorky, dowul salmak
syýasaty” bolupdy, sebäbi ol bu syýasaty taryhy tejribeler esasynda, Rim imperatorlugyndan we
Stalinden alan täsirlerini türkmen durmuşynda, ýerli mümkinçilikler esasynda ulanmak bilen
ýöredipdi.
Hiç bir halk, şol sanda türkmenler hem gorky astynda ýaşamagy, bir adamy hudaýlaşdyryp, onuň
öňünde baş egmegi gowy görmeýär. Emma türkmenler 1991-nji ýyldan soň bir adamy
hudaýlaşdyrýan, gyzlaryna we çagalaryna diktatoryň öňünde tans etdirýän, ak sakgally ýaşulularyny
diktatoryň öňünde gurjaga öwürýän millet hökmünde tanaldy.
Munuň esasy sebäbi, meniň geçiren hususy derňewlerime görä, birinjiden adamlaryň içinde çuň
oturdylan gorky bilen bagly bolsa, ikinjisi – pursatparazlyk bilen bagly.
Men bu pikir-netijeleri “Awazada”, myhmanhana otagymyň diwaryndaky uly portretiň öňünde,
Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romanynyň sahypalarynyň gyralaryna ujy inçejik çykarylan
galam bilen, diňe özüm düşüner ýaly edip, üzlem-saplam görnüşde belleşdirip bolup, arkamdaky
surata gaňrylyp seretdim. Elbetde, ol portret Arkadagyňkydy.
Aşgabatdan “Awaza” bile gelen goňşym, otagdaşym meniň kitabyň sahypalaryna näme ýazanymy
sorady. Men “ýazyjy bilen sögüşýän, ol Eziz han hakynda hakykaty ýazyp bilmändir” diýip, ýalan
sözledim.
Ýoldaşym ýylgyryp: “O wagt Eziz han hakynda hakykaty aýdan bolsa, türmeden gözi açylmazdy,
kitaby çykmazdy, bu gün sen onuň bilen “Awazada”, kitabynyň sahypalarynyň gyrasyna jogap
ýazyp, sögüşip bilmezdiň” diýdi.
“Bu bizde mydama şeýle boljak öýdýän, häzirem diňe hökümetiň islän zadyny ýazan şahyrlaryň
goşgulary çykarylýar” diýip, men güldüm.
Otagdaşym maňa gözlerini tegeläp seretdi. Men onuň juda ägä adamdygyny bilýärdim, ýöne özi
başlansoň, dilime gelen zady aýdyp göberipdim.
Men “näme, ýalňyş bir zat aýtdymmy?” diýen manyda onuň ýüzüne soragly seretdim. Ol sesini
çykarman, “ýör, daşaryk çykaly” diýen manyda gapa ümledi-de, turup, işige ýöneldi. Men onuň
yzyna düşdüm.
“Otelde hemme pikir eden zadyňy aýtjak bolup durmagyn, ýazgy edilýän bolsa bildiňmi birden?”
diýip, ol çola ýere baryp ýetemizsoň, içindäki gorkusynyň sebäbini aýtdy.
“Özüň başladyň-da, agam. Men diňe seniň aýdan zadyň bilen yalalaşýandygymy bildirjek boldum”
diýip, men geňirgenýän görnüşde eginlerimi gysdym.
“Men sowet döwri barada aýtdym, sen bolsa häzirki döwür barada gürrüň edip başladyň” diýip, ol
öz gaýgy-aladasyny has açyklaşdyrdy.
“Hä, onda sowet döwri barada gürrüň etseň bolýar-da, häzirki döwür barada gürrüň barada etmek
bolmaýar-da, şeýlemi?”
“Sebäbi sowet döwri geçmiş, bular häzir o döwür hakda näme diýseň diýdirerler…”
“Onda Nyýazow döwrem geçmiş, näme üçin o hakda hakykaty aýtdyranoklar?”
Otagdaşym ajy ýylgyrdy: “Ýaş bolýaň-ow, inim! – Ol şeý diýip, aýtsammykam, aýtmasammykam
diýýän ýaly, esli salym sesini çykarman ýöredi. – Edilen gürrüň öz aramyzda galsyn, Nyýzow döwri
geçenok, dowam edýär” diýip, ol ahyry haşylap, içindäki agyr ýüki daşyna çykaran ýaly edip aýtdy.
“Biz gorkmalysyndan gaty gorkýas öýdän – diýip, men nägileligimi daşyma çykardym. – Indi öňki
ýaly Kabinet minsitriň ýygnagyndan kowulýan minsitrler, soňsuz tut-da-baslyk ýok-how! Bu
prezident häkimleriň garnyna barmak çommaldyp duranok telewisorda, köp zat liberallaşýar,
görmezlik etmäliň-ä, walla!”
“Inim, daşky görnüşe aldanma! Menem gowulaşsa begenjek, ýöne bu gowulaşanok, öň üýrýän it
indi sessis, arkadan topulýan ite öwrülýär. Sebäbi şeýtmese, saklanyp biljek däl. Halky aldaýar bu,
pensiýa-beýleki beren bolup, emma halk barybir garyp. Baý ýaşaýan diňe şolar, çagasyna gowy
bilim berýän diňe elita, gowy maşyn münýän, gowy jaýda ýaşaýan, daşary ýurtda dynç alýan, keýp
çekýän şolar. Arkadagyň niýeti has etbet, ol tagty ogluna, agtygyna geçirjek bolýar, Nyýazowda
beýle pikir ýokdy…”
“Onda näme bu Nyýazow ýaly ýadyrgärligini dikdirenok? Gaýta Üçaýagy hem şäheriň daşyna
çykardy!” Men garşylykly sorag berdim.
“Bu ondan mekir, Nyýazow konýak içip, iýibilenni iýip, iki ädim ýöremäge ýaltanyp, şonça pulybaýlygy bilen ýetmişe ýetmän ölüp gitdi, bu saglygyna seredýär, at münýär. Muňa häzir
ýadygärligini dikdirmek gerek däl, liberal bolan bolmak gerek. Muňa derek, halky gorkuzmak üçin,
ol Nyýazowyň ýadygarliklerini ýykman saklaýar. Sebäbi ol ýadygärlikler ýurtda hiç zadyň
üýtgemändigini görkezýär. Ol şol gorky bilen tagty öz nesline geçirer, görersiň!” Otagdaşym şeý
diýip, utançly bir ýagdaýa düşen ýaly, ýere seretdi.
“Bäh, türkmen şeýle gorkakdyr öýtmändim, edil iki öljek ýaly-laý biz? Indi XXI asyrda patyşalyga
gelip oturybersek…”
“Ölmekden beteri bar, inim! – Otagdaşym birhili ejiz, eginlerini sallap gürledi. – Bular türmä basyp,
itden har edýärler adamy. Türmä basylanyň çagasy, namysy şularyň eline galýar. Ozal polkownik
bolan bir tanşym bar, golaýda türmeden geldi. Gürrüň berýär, “özüň ölüp gutulyp bolýan bolsa,
namysly adamlar ölmäge taýýar, ýöne bular adamyň namysyna degýär, şondan her kim boýnuna
ýüklenen günäni boýun alyp, pursatyna garaşýar” diýýär… Ýadyňa düşýämi, Poran Berdiýew milli
howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň bir maşgalanyň ýaş gyzyny zorlamak haýbatyny atyp, saçyny
goparyşlaryny gürrüň beripdi prezidente, telewizorda görkezildi o zatlar… Bular şeýle, inim,
aýylganç adamlar! Ne hudaýy bar, ne imany, adamlar, halk şondan gorkýar. Türkmenistan şondan
Gorkystan boldy!”
“Beýle gorkulýan bolsa, onda näme para almakdan, wezipä geçip, ullakan ogurlyk etmekden
gorkanoklar? Oňam soňy türme ahyryn!” Men ýeňilmejek bolup, soňky okumy atyp galdym.
“Wah, inim, düşüneňok-da… Arkadag Nyýazow ýaly däl, ogrulara kän degenok, sebäbi olar onuň
elindäki adamlar. Syýasata goşuljak gümanlary ýok. Dogry, gatyja baýap, dillerini salajyn göýberip
başlasalar, başga gep. Ol telekeçilere partiýa açdyryp, hökümet goldawyndaky “biznesmenlere”
daýanjagyny, şolar bilen “dost” boljagyny bildirdi. Eger olar oýnuň düzgünini bozmasalar, ýagny
özleri tagta göz gyzdyrmasalar, uzak giderler. Ýöne munuň üçin Kerimgula ýol açmaga kömek
etmeli bolarlar… Nyýazow döwründe basylman sypan ogrular hem häzir ýere gömen pullaryny
gazyp alyp, daşary ýurtlardaky pullaryny yzyna getirip, biznes edip başladylar. Türmeden çykyp,
öňki ogurlan pullaryny işledip başlanlar hem bar… Halk bu zatlara ozalam tomaşa edip otyrdy,
indem tomaşa eder…”
Men “Awaza” dynç almaga gelipdim, emma bu gürrüňden soň dynç alyp bilmejegimi bildim.
Üstesine, bu ýerde Arkadagyň portretleri hem has kän ýaly göründi. Men olardan daşrakda bolmak
üçin Aşgabada, öz ýaşaýan köneje mikroraýonyma gaýtmagy ýüregime düwdüm. Bir ýeňillik, ol
ýerde beýle kän portret ýokdy, sowet döwründe ekilen saýaly baglar bolsa “Awazadakydan” has
kändi.
Oguljahan Ýazjanowa
Prezident Berdimuhamedowyň iki ýüzi (09.03.2013)
7-nji martda Aşgabatda Türkmenistanyň Zenanlar
birleşiginiň II gurultaýy geçirildi. TDH-nyň bu
gurultaý barada çap eden makalasynda prezident
Berdimuhamedowyň ady azyndan bäş gezek agzalýar,
emma türkmenistanly aýal-gyzlaryň ýurtda dowam
edýän şahsyýet kulty zerarly görýän görgüleri ýa-da
başdan geçirýän ykdysady kynçylyklary, durmuş-ýaşaýyş, saglyk, okuw-bilim problemalary hakda
bir sözem aýdylmaýar.
Eger men şol gurultaýa delegat bolup gatnaşan bolsam, ýurtda döredilýän şahsyýet kultunyň aýalgyzlaryň başyna nähili betbagtçylyklary getirýändigini düşündirmäge synanyşardym.
Ikinji tarapdan, maňa ýa başga bir zenana beýle mümkinçilik berilmejegini, munuň ozaly ýurt
baştutanyna ýa-da onuň arkasynda duran, “halk köpçüliginiň garyp we gorkuda saklanmagyndan
şahsy bähbit görýär” diýilýän gizlin topara baglydygyny hem çak edýärin. Eger şeýle bolmasa,
Berdimuhamedowa bu hili ikiýüzlilik, hem reformaçy, hem diktator bolmak nämä gerekdi?
Metbugatdaky Berdimuhamedow
Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki metbugaty prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa
“Hormatly Prezidentimiz”, “Döwlet Baştutanymyz”, “Milletiň Lideri”, “Arkadag” diýip, ony her
sözlemde diýen ýaly götergilemäge, bolşundan-görnüşinden has ulaldyp görkezmäge çalyşýar.
Ýüregiňi ýakýan ýery, bu ulaltma oýnuna G.Şagulyýewa ýaly aýallar hem goşulýar. Emma olar
garyp aýallaryň işsiz ärlerini, çagalaryny eklemek üçin nähili agyr, käte masgaraçylykly işleri hem
etmäge mejbur bolýandygyny, ýylda on müňlerçe ýaş gyzyň okuwyny dowam etdirip bilmän, iş
tapman, has beter garaşly ýagdaýa düşýändigini bilýärler.
Metbugat işgärleriniň köpüsi bu propaganda oňa hakykatdanam şeýle garaýandyklary üçin däl,
özara gürrüňçilikde boýun almaklaryna görä, mejburylykdan, işde saklanmak üçin goşulmaly
bolýarlar. Şeýle-de olaryň köpüsi ertir-agşam gaýtalanýan suwjuk we boş sözleriň ýurt
ýolbaşçysyna abraý getirýändigine ynanmaýar.
Şol bir wagtda, “Ak saçly perişde”, “Beýik Serdar”, “Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy”, “Şa
Şahyr” diýlen Nyýazowyň adyndan çap edilen “Ruhnama” “mukaddes” diýlen bolsa,
Berdimuhamedowyň ady bilen çap edilen kitaplara, näme üçindir, beýle ýarlyk ýelmenmeýär.
Emma siňe seretseň, “Hormatly Prezidentimiz” Berdimuhamedowyň öz halypasy Nyýazowyň
magaryf, saglyk pudagynda eden ýykgynçlyklaryny düzediji, türkmen halkyna internet beriji, ýapyk
ýurdy dünýä açyjy, şönuň bilen birlikde öňki prezidentiň Türkmenistany dünýä gülki eden
gözçykgynç şahsyýet kultuny kem-kemden ýok ediji hökmünde, assyrynlyk bilen, ýöne ynamly öňe
sürüljek bolunýandygyny hem görmek kyn däl.
Nyýazow döwründe bikanun neşe söwdasy, neşekeşlik türkmen oba-şäherlerine gaty giň ýaýrapdy.
Eger döwletde iň ýokary derejelerde goldawy, goragy bolmasa, neşe söwdasy beýle üstünlikli bolup
biljek däldi. Berdimuhamedow, resmi metbugatyň tekrarlamagyna görä, türkmen halkynyň
genefondunyň neşe arkaly ýok edilmek howpunyň garşysyna barlyşyksyz göreş yglan etdi.
Gözi gorkuzylan türkmen intellektuallarynyň käbiriniň pikirine görä, ýurtda giň ýaýran neşe
söwdasyna we general Rejebowyň mafia döwletiniň içinde guran mafia kerebine garşy uran weýran
ediji zarbalary nazara alynsa, Berdimuhamedow “Arkadag” adyna belli bir derejede mynasyp hem
bolup görünýär.
Onuň Nyýazowdan ýene bir tapawudy bolsa, özi sport bilen meşgullanyp, ýurtda sagdyn durmuş
ýörelgesini, sporty giňden propagandirleýji hökmünde görünjek bolmagydyr.
Durmuşdaky Berdimuhamedow
Ýöne bu propaganda hakykata bölekleýin, çäklije ýagdaýda gabat gelýär. Mysal üçin, prezident
Berdimuhamedowyň pikiriçe, ýurtda sport bilen meşgullanmak, halkara ýaryşlarynda baýrakly
orunlary almak üçin ähli şert döredilen. Emma bu şertler türkmen atletleriniň Londonda geçen
tomusky Olimpiýa oýunlarynda üstünlikli çykyş etmeklerine getirip bilmedi. Faktlar, netije
prezidentiň durmuş hakykatyndan, reallyklardan üzňedigini, stadion, sport şäherçesi ýaly zatlara
millionlap dollar sowurmagyň ýaş sportsmenler üçin ähli şertiň döredilendigini asla aňladyp
bilmejegi barada çynlakaýrak pikir etmelidigini duýdurýar.
Nyýazow döwründe türkmen goşunynda bolan zatlary, açlygy, gedaýçylygy, parahorlugy, beýleki
nogsanlary agzamagam utanç. Berdimuhamedow bu meselede, şonuň bilen birlikde serhetde we
gümrükde, migrasiýa gullugynda tertip-düzgüni belli bir derejede dikeltmekde Nyýazowdan kän
öňe saýlandy diýse bolar. Harbylar, howpsuzlyk işgärleri, olaryň maşgalalary barada edilýän
tagallalar onuň bu pudagyň adamlaryny öz tarapynda saklamagyň aladasyny edýändigini görkezýär.
Nyýzow döwri bilen deňeşdirilende, siňe seredilmese, bularyň hemmesi pozitiw alamatlar.
Emma şol pozitiw alamatlara garamazdan, Berdimuhamedow ýurdy Nyýazowyň agyr syýasyykdysady, medeni-ahlak mirasyndan dyndarjak ýolbaşça asla meňzemeýär.
Sebäpler nämede?
Munuň birinji sebäbi onuň syýasy pikir-düşünjesiniň örän çäkliliginde, Nyýazowa hakykatdan hem
ynanan ýa-da şonuň täsirine ymykly düşen resmi bolmagynda görünýär. Ýöne onuň Nyýazowyň
“ýoluny” mümkin boldugyça uzak saklanmak, çäksiz hökümdar bolmak üçin, tejribesiz we gorkak,
şol bir wagtda örän açgöz, şöhratparaz şahsyň gidip biljek ýeke-täk ýodasy hökmünde, bile-göre
ulanmak isleýändigini aýdýanlar hem bar.
Şularyň haýsam bolsa biri ýa-da hemmesi sebäpli, Berdimuhamedow ýurtda bir şahsyýet kultunyň
deregine ikinji şahsyýet kultuny döredýär. Ýogsa ondan Iosif Stalinden soň Nikita Hruşewiň eden
hereketleri ýaly hereket etmegine, nyýazowçylygy ýazgarmagyna, diri galan syýasy tussaglary azat
etmegine, ölen ýa öldürilen tussaglar baradaky hakykaty açmagyna, dünýäniň çar künjegine gaçyp,
dargap barýan milleti Watan, il-ýurt ideýalarynyň daşyna jemlejek bolmagyna garaşylypdy. Emma
ol bu ýoldan, özüne hakyky abraý we goldaw getirjek ýoldan, Berdimuhamedowy taryha reformaçy
edip girizjek ýodadan gitmedi.
Bu ýagdaýy Berdimuhamedowyň Nyýazow döwründäki geçmişi, diktatura we korrupsiýa
atmosferasynda toplanan şahsy baýlyk we aç-açanlykdan gorkmak bilen-de düşündirip bolar. Şu
sebäpden Berdimuhamedowyň şahsyýet kultunyň eýýäm Nyýazowyňkydan geçirendigini, “Beýik
Arkadag” syýasatynyň ýurtda birinji adam, döwlet derejesinde ýaýran korrupsiýadan ünsi sowmak
üçin ýörite oýnalýan spektakldygyny aýdýanlar hem bar. Bu pikir esasan daşary ýurt firmalary,
aýratyn-da türk we fransuz biznesmenleri bilen baglaşylýan aşa gymmat bahaly şertnamalaryň
Nyýazowyň döwründäkä garanda has açgözlük bilen dowam etdirilmegi bilen delillendirilmäge
çalşylýar.
Berdimuhamedow bikanun neşe söwdasyna we neşekeşlige garşy göreşiji, sagdyn durmuş
ýörelgesini, sporty goldaýjy, Nyýazowyň ýykan bilim pudagyny dikeldiji, kanunlary
liberallaşdyryjy we dünýä derejesine deňleşdiriji bolup çykyş etmeginden başga, ýurduň baş
arhitektory we baş çäreçisi rolunda hem oýnaýar. Onuň Ministrler Kabinetiniň ýürege düşgüç
derejede ýygjam geçirilýän maslahatlarynda ýurtda bellenýän baýramçylyklary aşa
dabaralandyrmak barasynda berkden-berk tabşyryk bermegi şu soňky roly bilen bagly.
Emma Berdimuhamedow ýaşlaryň sport bilen meşgullanyp bilmegi, bu ugurda gowy netije
gazanmagy üçin gurply maşagalalarda ösüp-ulalmalydygy, maddy we ruhy taýdan erkin
bolmalydygy barada pikir etmeýär. Sebäbi ol beýle pikir etse, ilatyň aglaba köplüginiň garyplykda
ýaşaýandygyny, bu garyplygyň döwlet derejesindäki korrupsiýanyň, hakyky bazar gatnaşylaryna
geçilmegine, hususy eýeçilige ýol berilmezliginiň gös-göni netijesidigini boýun almaly boljak.
Öli dogulýan kanunlar, çäreçilik we arhitektura
Berdimuhamedow kämilleşdirilýän kanunlaryň öli dogulýandygy, sebäbi ýurtda sudlaryň garaşsyz
däldigi, polisiýa, prokuratura, sud, milli howpsuzlyk, gümrük, migrasiýa edaralarynda,
häkimliklerde her bir wezipeli adamyň kanundan ýokary durup bilýändigi barada hem pikir
etmeýär. Sebäbi beýle pikir etse, bu ýagdaýyň ýurtdaky birinji ýolbaşçydan gaýdýandygyny boýun
almaly boljak.
Mysal üçin, köpçülikleýin habar serişdeleri barada kabul edilen kanun işlese, ýurtdaky işsizlik,
garyplyk, giň ýaýran korrupsiýa we türkmen raýatlarynyň barha köp ýurtdan gaçmaga
çalyşmagynyň sebäpleri barada açyk gürrüň edip başlamagyna ýol açyljak.
Eger ýurtda söz, metbugat azatlygy belli bir derejede bolsa hem, prezidentiň esasy iki “keseliniň” –
köpçülikleýin çäreler esasynda garyp halky bagtly edip görkezmek ugrunda edýän nalajedeýin
synanyşygynyň we ýykgynçylykly “arhitektura” derdiniň ýurda nähili gymmat düşýändigini
aýtjaklaryň tapylmagy mümkin.
Şu sebäpden gazet-žurnallar Berdimuhamedowyň göni howandarlygyndan çykarylsa-da, doly
kontrollugynda galýar we häkimiýetiň metbugata monopoliýasy doly saklanýar.
Emma onuň entek altyn çaýylan heýkellerini dikdirmeýändigini, adyny oba-şäherlere
dakdyrmaýandygyny aýdýanlar hem bar. Şol bir wagtda ol atasyny, kakasyny we özüni öwdürmäge
aşa gyzyklanyp, Nyýazowyň ýolundan “ynamly öňe” barýar. Prezidenti has gowy öwýänleriň
prezidentiň hut özi tarapyndan sylaglanmagy bu ýoluň ileri tutulýan ugurdygyny, ýagny
Berdimuhamedowyň özüni ýüzüne öwýänleri gaty gowy görýändigini, onuň şeýle öwgä gaty
açdygyny, ýalan şöhrata örän teşnedigini we mätäçdigini görkezýär.
Döwlet eýeçiligindäki medianyň prezidenti hemme zatdan baş çykarýan, at münmäge ökde, eli
ýeňil wraç, tüpeň atsa, onlukdan urýan, maşyn ýaryşynda birinji, ussat ýazyjy, estrada aýdymçysy,
kompozitor we ş.m. edip görkezmegi sowatly-düşünjeli adamlarda gülki, ýaňsylama döretse-de,
Berdimuhamedow bu meýletin oýnatgylykdan lezzet alýana çalym edýär.
Başga bir tarapdan, halk içinde bu oýunlary sahnanyň arkasyndan başga birleri oýnaýar,
Berdimuhamedow diňe özüne ýazylyp berlen zatlary okap, rolda oýnamak, prezident däl-de, gurjak
bolmak bilen çäklenýär diýen pikirem bar.
Nurly Daňatar
Dj prezident, käýelýän kadrlar we baý ýurduň garyp
halky (11.01.2014)
Türkmenistanyň
prezidenti
G.Berdimuhamedow
aýdym-saz sungatynda, hususan-da djeýlikde we öz
bellän kadrlaryny bir taraply aýyplap, tiz-tizden
çalşyrmakda barha giň meşhurlyk gazanýar.
Onuň “Türkmen owazy” telekanalynda we Youtube
portalynda ýerleşdirilen wideode aýdym aýdyşy,
djeýlik edişi sosial ulgamda uly gyzyklanma döretdi. Ol
ozal at çapmakda, awtomobil ýaryşynda, ok atmakda, karatede, welosiped sürmekde,
ýazyjylykda… ussatlygyny görkezipdi.
Heniz dünýäniň hiç bir ýurdunyň prezidenti beýle kän ugur boýunça ussatlyk derejesine ýetip
bilenok. Ýöne G.Berdimuhamedow başga bir meselede, “işinde düýpli kemçilikleri goýberýän”
döwlet işgärlerini tankytlamakda, berk käýinçe bermekde, işden boşatmakda we netijede ýurtda
özüniň ýekemen hökümdardygyny ýene bir gezek görkezip, adamlaryň ýüregine dowul, gorky
salmak arkaly, “garamaýak halky” (S.Nyýazowyň ulanan sözi) garyp, pukara saklamakda hem
ussat.
Dogry, ol bu işi, tutuş ýurdy gorky we mätäçlik astynda saklamak emelini öz “ussat” halypasy
S.Nyýazowdan miras aldy. Mysal üçin, dj prezident anna güni geçiren giňişleýin mejlisinde ýurduň
köpçülikleýin habar beriş serişdelerini tankyt etdi. Onuň pikirine görä, türkmen telewideniýesiniň
gepleşikleriniň hili pes, olar durmuşdan üzňe we rejissura taýdan gowşak.
Şeýle-de ol ýurduň gazet-žurnallaryny döwletiň üstünliklerini ýeterlik beýän etmezlikde, öz
habarçylarynyň ýazan zatlaryny çap etmän, merkezi neşirlerde çap edilen materiallary göçürip çap
etmek bilen meşgul bolmakda aýyplady. Mundan başga, prezident Türkmenistanyň teleradiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygyna işinde goýberen
kemçilikleri üçin berk käýinç hem berdi.
Bu habary eşidip, “beh, prezident metbugatda 20 ýyl bäri dowam edýän ýaramaz ýagdaýy öň
bilmeýärmidikä? Ýa bu agyr ýagdaýyň döwlet tarapyndan talap edilýän ýalan propagandanyň,
metbugat azatlygyna ýol berilmezliginiň netijesidigine akyl ýetirmeýärmikä?” diýip pikir edýärsiň.
Ýöne bu metbugat işgärlerine berilýän ilkinji käýinç däl. Şonuň bilen birlikde, geçen ýylyň
aýagynda şol metbugat işgärleriniň uly bölegi “döwletiň gazanan üstünliklerini beýan etmekde
bitiren gowy işleri üçin” döwlet sylaglaryny, baýraklary alypdy.
Emma bu-da hemmesi däl. Prezident Berdimuhamedow anna güni geçiren maslahatynda geçen ýyl
ýurtda uly işleriň edilendigini aýtdy, emma bu diýilýän uly işler diňe onuň özüne degişli ýaly.
Ýogsa ýene, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bir topar jogapkär işgär “işinde goýberen kemçilikleri üçin”
käýinç alyp, ýa işden boşadylyp gaýtmajak ýaly. Aslynda döwlet işinde, uly wezipelerde işleýän
adamlar, öňki tejribelere akyl ýetirseler, özleriniň karam oýnuň “pyýadalarydygyny” gowy bilmeli.
Ýöne ýurtda başga alternatiwa bolmansoň, olar her edip, hesip edip, wezipe aljak bolýarlar we
mümkin boldugyça, ýagny käýinç berlip başlanýança, her hilem bolsa, baýlyk toplamaga
synanýarlar. Bu ýagdaý diktator üçin amatly we ol öz başarnyksyzlygyny “iş başarmadyk ýa
wezipesinden galp peýdalanan” diýilýän çinownikleriň üstüne atyp bilýär. Şonuň bilen bir wagtda
ol çinownikler özlerini açyk sudda ýa metbugatda gorap bilmeýär. Has anygy, eger şeýle şert bolsa,
olar özlerini aklap hem biljek däller. Emma olar bolan zatlary açyk aýdyp bilseler, bu ýerde kimiň
günäsiniň has uludygy belli boljak. Şu uly günäni ýaşyrmak üçin hem ýurtda diňe bir adam gürleýär
we şonuň sözi we eden işleriniň waspy bilen efir wagty doldurylýar. Bu ozal S.Nyýazow tarapyndan
oýnalan, indi dj prezident tarapyndan has çökder dowam etdirilýän oýun we diňe el çarpmaga
ygtyýarly edilen türkmen halkyna örän gymmat düşýär.
Geçen ýylda başlanan bank tankydy, ýyl başyndan bank başlyklarynyň çalşyrylmagy ýurtda bazar
ykdysadyýeti şertlerinde uly rol oýnamaly pudagyň nähili agyr ýagdaýdadygyny boýun almak ýaly
bir zat boldy. Emma prezident bu ýerde-de öz günäsini, diktator režimiň, döwlet derejesindäki
korrupsiýanyň döreden krizisini başgalaryň, has dogrusy birnäçe adamyň üstüne atmak bilen, halky
garyp goýan “çeper höwesjeňlik syýasatyny” dowam etdi. Eger döwlet hakykatdan hem bazara
geçmäge ygrarly bolsa, ýurtda bireýýäm hususy banklar dörärdi, maliýe sistemasynda, nebitdengazdan gelýän pullaryň harçlanyşynda aýanlyk bolardy. Emma ozal bazara geçmegi, hakyky
aýanlygy S.Nyýazow saklan bolsa, indi G.Berdimuhamedow saklaýar. Sebäbi muňa, ýagdaýy
gowy bilýän we döwlet diwarlarynyň arasyndaky detallardan habarly adamlaryň aýtmaklaryna görä,
döwletiň başyndaky birinji adamyň gatnaşmagynda baglaşylan gurluşyk kontraktlary we beýleki
galplyklar ýol bermeýär.
Bu ýagdaý ýurtda kadr çalşyklarynyň, dabaraly çäreleriň, ýalan propagandanyň, TV
bagtyýarlygynyň doly güýjünde dowam etdiriljegini aňladýar.
Ikinji tarapdan, Türkmenistanda dowam edýän döwlet propagandasy häzirlikçe diktator režimiň
peýdasyna gowy işleýär; oppozisiýa ýok diýerlik derejede passiw, syýasat ýa pikir meýdanynda täze
adamlar, ýaşlar görünmeýär, diňe prezidentiň däl, has kiçi derejedäki çinownikleriň hem edeni
öňünden gidýär. Şeýle ýagdaýda, çaklanmaýan ýa garaşylmaýan bir zatlar ýüze çykmasa, kadr
çalşygyny we bir adamdan hudaý ýasamagy arkaýyn dowam etdirip bolar. Sebäbi yzygider we
üznüksiz kadr çalşygy ýetişip gelýän ýaş kadrlary hapa çümdürip, abraýdan gaçyrmaga hem ýoldan
aýyrmaga, hakyky liderleriň döremeginiň, diýmek hökümdara hakyky bäsdeş bolup biljek arassa we
ýaş adamlaryň orta çykmagynyň öňüni almaga uly mümkinçilik berýär.
Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistan kadr geldi-geçerliginde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem
girip bilerdi. Bu meselede, san barada alnanda, Gurbanguly Arkadag Saparmyrat Türkmenbaşydan
hem ozdurdy. Ýöne “Döwlet guşunyň” awtory “Ruhnamanyň” awtoryndan başgaçarak işleýär,
ýagny işden kowýan emeldarlaryny il ortalaýyn masgaralamaýar, üç aýlyk aýlygyndan kesip ýa alty
aýlyk synag möhleti bilen hem gynamaýar. Şu sebäpden oňa “ýumşak diktator” diýjek bolýanlar
hem bar.
Emma forma başga-da bolsa, mazmun bir, ýagny lider zaýaçylygy dowam edýär; kadrlar dogry
seçilmeýär, ünsli terbiýelenmeýär, adalat ýok, halal bilen haram aýyl-saýyl edilmeýär, kim mamla,
kim bimamla, bular belli däl, bu zatlar diňe döwlet korrupsiýasyny ýaşyrmak üçin edilýär diýen
pikir barha giň ýaýraýar.
Eger ýaş alymlaryň biri türkmen metbugatynyň sahypalaryny dörüp, 1991-nji ýyldan bäri prezident
tarapyndan ýokary wezipelere bellenen, ondan-oňa geçirilen, käte bir wagtda birnäçe wezipe
ynanylan, orden-medal bilen sylaglanan, soň käýinç berlen, işden boşadylan, türmä basylan öňki
emeldarlar barada maglumat toplasa, uzyn bir sanaw, uly bir tomluk emele gelerdi.
Eger-de bu işi dowam etdirip, resmi maglumatlardan başga, şol işden aýrylan adamlaryň özleri
bilen duşuşyp, eger özleri bolmasa, olaryň yzynda galan hossarlary bilen gürleşip, medalyň beýleki
tarapy hem açylsa, ýagny resmi metbugatda aýdylmadyk zatlar hem öwrenilse, belki, ençeme
tomluk kitap ýazmak, köp seriýaly kino düşürmek üçin gyzykly material toplanardy.
Dogry, işden aýrylýanlar kemçilik goýbermeýär diýip, olaryň tarapyny tutup bolmaz. Ýöne olary
ilki işe belleýän, olaryň iş şertlerini kesgitleýän adamy, ýurtdaky ýeke-täk hökümdary hem aklap
bolmaz.
Türkmenistanda soňky 20 ýylda dörän kadr geldi-geçerliginde biri günäker bolsa, ol prezident!
Sebäbi Türkmenistanda prezident hemme zat, ol häkimiýetiň ähli şahasyny öz elinde saklaýar we
ýurtda ýeke-täk hökümdar. Ol metbugatda özüni öwdürip, halky aldamak üçin ýurtda uly-uly
ykdysday ösüşleriň bolandygyny gaýtalaýar. Şol bir wagtda ilat işsizlikden, aýlyklaryň azlygyndan,
garyp-gasar durmuşdan kösenip, aç-hor ýaşaýar…
Ýylda müňlerçe adam işsizlikden, durmuş kynçylyklaryndan basylyp, jenaýata baş goşýar, türmä
düşýär. Iş gözläp, daşary ýurtlara gidýän ýaşlar, okamaga gidip, yzyna gelmek islemeýän raýatlar
türkmen döwletiniň ähli propagandasyny puç edýär. Döwlet emeldarlarynyň para almagy,
korrupsiýa ýokardan aşak giň ýaýran. Emma hökümet bu zatlary düzetjek bolmakdan geçen, boýun
hem almýar, olar barada metbugatda gürrüň edilmegine hem ýol bermeýär.
Haýp, 2014-nji ýylyň başyndan başlanan käýinçler we kadr çalşygy türkmen halkynyň gaçan
garyplyk çukurynyň bu ýylam çuňlaşjagyny, ýagny onuň durmuşynda hiç zadyň üýtgemejegini
aňladýan ýaly. Ýöne bu ýagdaý häkimiýet başyndaky esasy adamlaryň, käýinç alyp başlaýançalar,
has baýlaşjagyny hem aňladyp biler.
Halk nakylynda aýdylyşy ýaly, “Gurt bilen goýun guda bolmaz; guda bolsa-da goýun gülmez”.
Türkmenistanda halkyň başyndan zorluk bilen asylan korrumpirlenen hökümet, soňy görünmeýän
ýalan propaganda, ajy hakykaty boýun alsak, halky güldürmeýär, agladýar.
Atabaý Garadaşly
Prezidentiň “gyzyla gaplaýmaly” boş sözleri
(22.06.2013)
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy 14-nji
iýunda prezident Berdimuhamedowyň hökümet
maslahatynda raýatlara täze daşary ýurt pasportlarynyň
berilmegi barada eden beýanatyny gaýtalap, şu ýylyň
17-nji iýunyndan ors-türkmen goşa raýatlygy bolan
türkmenistanlylara
täze
nusgadaky
biometriki
pasportyň berlip başlanýandygyny habar berdi.
Prezident Berdimuhamedowyň şol agzalan beýanatynda şeýle diýilýärdi: “Her bir türkmenistanly
milletine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, diline, dini garaýşyna we syýasy
ygtykadyna garamazdan, Türkmenistanyň raýatynyň täze nusgadaky pasportyny hökmany tertipde
we bellenen möhletlerde alar.”
Ajaýyp sözler! Aslynda, türkmen kanunçylygynda hem kän ajaýyp aýdylan sözler ýa-da dünýä
standartlaryna gaýra dur diýýän düzgünler ýazylyp beýan edilipdir. Munuň üstesine, türkmen
kanunlarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigi hem aýdylýar.
Emma mesele şol kanunlaryň işlemeýänliginde we olaryň işlemedik ýa ýerine ýetirilmedik
ýagdaýynda hiç bir arz edere, ýüz tutara ýeriň ýoklugynda. Eýsem, prezidentiň şu ajaýyp
beýnatyndan soň pasport alyp bilmän galan adam bolmaz diýseň, ynanyp bolarmy?Türkmenistanda
başgaça pikirlenýän, syýasy garaýşy, dini ynanjy üçin ýanalýan, gara sanawa salnan näçe adam bar?
Muny bilmek kyn. Ýöne soňky 15 ýylda, uly derejeli bir resminiň özara söhbetde aýtmagyna görä,
Milli howpsuzlyk ministrliginiň dyngysyz gözegçiligi astynda saklanýan, telefony diňlenýän
maşgalalaryň sany artmasa, kemelmeýär.Ikinjiden, täze pasport, soňky çykan habarlara görä, häzirki
wagtda Türkmenistanda propiskasy bolanlara berilýär. Bu daşary ýurtlarda, şol sanda Orsýetde we
Türkiýede ýaşaýan on müňlerçe türkmenistanla täze biometriki pasport berilmez diýildigi bolýar.
“Süýde siňe seretseň, gan görner” diýipdirler. Türkmenistanyň daşary ýurtlara gitmek üçin girizýän
täze biometriki parsporty, bir tarapdan, zerurlyk, ikinji tarapdan, “artykmaç” ýa halanmaýan
adamlardan dynmak üçin bahana bolup hyzmat edip biler. Sebäbi Türkmenistanda garaşylýan ýa
döwrüň talap edýän syýasy-ykdysady reformalary geçirilmedi, tersine döwlet derejesindäki
korrupsiýa çuňlaşdy we şu sebäpden “arap ýazy” ýaly bir zatlaryň bolmagyndan ullakan alada
edilýär.
Onsoň, Berdimuhamedowyň režimi ilatyň potensial pitneçi bolup biljek bölegini, daşary ýurtlary
gören, öz raýat hukuklaryndan belli derejede habarly adamlary ýurt içinde näçe azaldyp, daşrakda
saklap bilse, şonça-da özüni rahat duýjak ýaly.
Mälim bolşy ýaly, S.Nyýazow Türkmenistanda problema gozgaýan metbugaty doly ýok etdi.
Berdimuhamedow Nyýazowyň käbir ýykgynçylykly syýasatlaryny il ýüzüne ýatyran hem bolsa,
metbugata kontrollygy doly saklap galdy. Ol metbugatda problema däl, hatda 40-50 ýyllap halkyna,
ýurduna hyzmat eden adamlaryň ölümi hem agzalmaýar.
Mundan başga, sudlar – öňküsi ýaly – garaşsyz däl, prokuratura, polisiýa işgärlerine işiň düşse, halk
içinde aýdylmagyna görä, “ýa zoruň, ýa zeriň” bolmaly. Il içindäki gep-gürrüňlerden çen tutulsa,
kanunçylykdaky korrupsiýa Nyýazow döwründäkiden hem kän esse beterleşipdir.
Iň ýamany, arz, şikaýat edip häkimliklere ýa degişli edaralara, hatda prezidente hem hat ýazanyň
peýdasy ýok. Ýogsa Berdimuhamedow prezident raýatlaryň kanun, hukuk goraýjy edaralaryň
işgärleriniň üstünden şikaýat edip ýazan arzalaryny derňemek boýunça ýörite komissiýa hem
döretdi. Şonda halk ol komissiýanyň üstüni hatdan gömdi. Emma türkmeniň “Gylyç öz gynyny
kesmes” diýeni boldy: ol hatlar barlanman, üstünden arz edilýän edaralaryň özlerine iberildi.
Bu ýagdaý adamlaryň prezidente, onuň aýdýan sözlerine, edýän beýanatlaryna bolan ynamlarynyň
ýuwaş-ýuwaşdan gaçmagyna getirdi we indi ýokary edaralara, prezidente hat ýazyp, öz seslerini
eşitdirjek bolýan adamlar gaty azaldy.
Şonuň bilen bir wagtda, Berdimuhamedow prezident bolanyndan soň, Türkmenistandaky agyr
ýagdaý barada halkara guramalaryna hat ýazýan, daşary ýurt metbugatynda tankydy çykyş edýän
adamlar hem berk kontrol astyna alyndy we olaryň ‘çyzykdan çykanlary” dälihana salnyp, bütin
halkyň gözi gorkuzyldy.
Bu gorkuzyş usulyny Nyýazow hem ulanýardy. Şonuň bilen birlikde, Berdimuhamedowyň daşary
ýurtlardaky türkmenleri daşrakda saklamak islegi ýa pikiri hem Nyýazowdan gaýdýar. Nyýazow öz
wagtynda dünýä türkmenlerini birleşdirmek, garaşsyz Türkmenistanyň bütin türkmenleriň umumy
ýurduna öwürmek ideýalaryny goldap, dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň başlygy
bolupdy. Emma ol dünýä türkmenleriniň arasyndan diňe ýaranjaň adamlary gözledi, öz pikirgaraýşy, düşünjesi bolan, giň dünýägaraýyşly we dogry sözli türkmenleri ýurda getirmezligiň
çärelerini gözledi.
Bu syýasat Berdimuhamedow tarapyndan hem dowam etdirilýäne çalym edýär. Ol 2010-njy ýylyň
25-nji oktýabrynda, Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň öň ýanynda, Türkmenleriň
ynsanperwer birleşiginiň 14-nji maslahatynda, ýokarda pasport barada eden beýanaty ýaly, ajaýyp
bir beýanat etdi:
“Men daşary ýurtlara saparlarymda hem ol ýerlerde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri
bilen duşuşýaryn, saçak başynda söhbetdeş bolýaryn, doganlarymyzyň halyndan hem habar alýaryn.
Olary Türkmenistan bilen ýakyndan aragatnaşyk saklamaga çagyrýaryn. Goý, dünýä türkmenleri
indiden beýläk özlerini Türkmenistanyň raýatlary ýaly hem duýsunlar. Dünýä türkmenleriniň
dogduk watana gelmekleri, onda işlemekleri, okamaklary, döretmekleri üçin hiç hili päsgelçilik
bolup bilmez.”
Şonda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyna dünýäniň 20 ýurdunda mekan
tutan türkmenleriň 150-ä golaý wekili gatnaşypdy. Emma şondan soň daşary ýurtlardan taryhy
watanyna görme-görşe ýa okuwa, işe geljek bolan türkmenleriň hemmesiniň, Berdimuhamedowyň
nygtap aýdyşy ýaly, “gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, dini garaýşyna we syýasy
ygtykadyna garamazdan”, wiza almagy ýeňledi diýip, hiç kim aýdyp bilmese gerek. Emma
Türkmenistana Eýrandan, Owganystandan gaçyp baran türkmenleriň, Özbegistandan gelin bolup
düşen gyzlaryň başga ýurtlara ýa yzlaryna gideni näçe diýseň tapylar.
Bu ýerde mesele diňe pasportda ýa wizada, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenlerden režim
rahatlygyny gabanmakda hem däl. Prezident Berdimuhamedowyň beýanatlary hatda ýurduň içki
rahatlygy, wezipeli garyndaşa daýanylyp edilýän jenaýatçylygyň öňüni almak ýaly örän möhüm
meselede hem işlemeýär.
Mysal üçin, ol 2007-nji ýylyň oktýabrynda şol wagtky içeri işler ministrine jenaýatçylygy bassyrýussur edenligi üçin şeýle diýipdi:
“Bellän günümiň ertesi irden men saňa jaň etdim. “Hajy – diýdim, – ine men prezident, bar hukuk
goraýjy ýolbaşçylary çagyryp aýtdym – diýdim, – meň ine 5 sany aýal doganym bar – diýdim, –
hemmesiniňem çagasy bar. Kimiň ogly, kimiň gyzy. ‘Şolaň biri – diýdim, ýekejesi şu aýagyny
gyşyk bassa, kanundyr – diýdim, – aga -ak, gara – gara diýmeli. Hökmany suratda tutuň, çäre
görüň’ diýdim. – Adamçylyk, durmuşdyr -diýdim. – Bilip bolmaz. Saňa-da şeý diýdim: “Hajy –
diýdim, – seňem bir topar doganyň badyr, garyndaşlaň badyr, çagyr hemesini ýanyňa diýdim, sebäbi
sen diýdim içeri işler ministri bolduň diýdim. Baar diýdim şo zatlary aýtgyn diýdim. Diýdimmi men
saňa?” “Diýdiň.” “Şoň üçin diýdim, eger-de diýdim, hudaý saklasyn, biri diýdim, ýaňky diýşim
ýaly, egri bassa, o seň abraýyňa gowy däl diýdim, biziň abraýymyza gowy däl. Ine, şoň üstündenem
özüň bardyň şony…”
Prezident bu sözleri aýdanda, pensioner kakam: “Gyzyla gaplaýmaly sözler, indiki gaýtalanda
ýazyp al şulary, daşyny ramalap, diwardan asyp goýaly” diýdi. Men kakamyň diýşi ýaly, ol sözleri
ýazyp aldym. Emma olary daşyny ramalap, diwardan asmaga welin howlukmadym. Howlukmanym
hem gowy bolupdyr, eger kakamyň diýenini eden bolsam, prezidentiň doganlary we ýegenleri ile
gülki etjek eken.

Benzer belgeler