Türkmeni Öwreniş Merkez Berdi Kerbaba we Eziz han

Transkript

Türkmeni Öwreniş Merkez Berdi Kerbaba we Eziz han
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
EZIZ HAN ÇAPYK we BERDI KERBABAÝEW
Berdi Kerbabaýew özüniň uzak hem çylşyrmly ömründe edebiýate dürli žanrlarynda
galam ýöredip, ummasyz mukdarda miras galdyran ajaýyp söz ussady. Türkmen
Sowet edebiýatynyň kerwenbaşysy atlandyrylýan bu ussadyň ömri, döredijiligi,
eserleriniň çeperçilik derejesi... barada ençeme işler ýazyldy. Filologiýa ylymlarynyň
kandidaty Tejen Nepesow bolsa indi ençeme wagt bäri köp sanly dokumentler hem
arhiw materiallary esasynda ýazyjynyň bütin ömrüni beýän edýän jikme-jik
terjimehalyny döretmek işi bilen meşgullanýar.
Biz ýazyjynyň şol işinden parçalary çap etmäge girişmek bilen, bir möhüm meselä
jemgyýetçilngiň ünsüni çekmek isleýäris: ýene sähel wagtdan—1994-njn ýylda Berdi
Kerbabaýewiň doglan gününe 100 ýyl dolýar. Giň çäkde dabaraly bellenilmeli bu
ýubileýe taýýarlyk işlerine ep-esli wagt oňünden çynlakaý girişip, dilimiz kelte bolmaz
ýaly etmeli. Şonuň üçinem, Haýyr işi ugur tutp», onuň aladasyny häzirden edip
ugramagymyz gerek.
Redaksiýa bu işe häzirden girişýär hem-de ussat ýazyjymyzyň ömrüne, döredijiligine,
şahsyýetine... degişli täze işleri, derňewleri, maglumatlary yzygiderli çap etjekdigini
duýduýär.
Edebiýat we Sungat, 1991-nji ýylyň 11-nji aprel.
1
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
I
1919-njy ýylyň fewral aýyyň aýaklarydy.
Tejende Eziz Çapykyň ştaby/karargähi ýerleşýän Ak alaň obasy howsala içinde hereket edýärdi.
Amaşagapan bilen Ak alaň obasynyň arasy esli meýdan bolsa-da, Eziz Çapygyň çakylygyna
ýetýaşmek üçin B. Kerbaba bu ýoly myzaýyk edip bilmejekdi.
Berdi Kerbaba Tejende Kerbaba ýaly (Baba ker); gurgun bir daýhanyň ogludy. Ol şol wagtda
asly Marydan bolan, çarwanyň uly baýy Ulug baý Täçnazaryň bolsa giýewsidi. Şol sebäpli Eziz
Çapyk kim bilen nähili gepleşse-de, Berdi Kerbaba bilen hoşamaý sözleşýärdi; «et!» ýa-da
«etme!» diýip kesgin söz aýtmakdan ägä bolýardy. Aslynda-da Berdi Kerbaba şu Eziz Çapygyň
ýanynda Ulug baý bilen Kerbabanyň, asyl Amaşa toparynyň göz we gulak üçin goýan «bir
adamsysy». Dogrusy, ol, Eziz Çapygyň hiç mahal mürzesi bolmandy, eýsem onuň hojalyk işlerine
esewan edýärdi, gerek ýerinde bolsa geňeşçisidi.
B. Kerbaba öz ömründe türme diýilýen zady bir däl, iki däl, üç gezek görüpdi, dördünji
gezekkisinden bolsa A. Fadeýew gutarypdy. Arhiw ýazgylaryýada B. Kerbabaýew özi barada öz
dostlarynyň birine şeýle diýdirýär: «Hawa-da, sen üç gezek «kurortda» bolanyň üçin
agtarylmadyk kagyzyň galan däldir». «Aýgytly ädimde» Durdy bolup hereket edýän Kerbabaýew
ýene şuny ýatlaýar: «Durdynyň aklar türmesinde oturanyndan, işiniň harby suda berleninden,
bolşewik agenti hökmünde aýyplananyndan, dostlarynyň kömegi bilen zamuna alnanyndan, tä
soňra Gyzyl Goşun gelinçä aklardan gaçyp gezeninden siziň habaryňyz ýokdur». Okyjynyň o
zatlardan ozal elbetde, habary bolmandy, indi bolsa onuň şol zatlary bilesi gelýärdi.
Tejen aksakallary Ak alaňda Eziz Çapygyň geňeşine üýşüp-çaşyp ugradylar. Zakaspi fronty
Mary — Çärjew arasynda ot sowurýardy. Eziz Çapygyň goşun bölümleri bolsa aklaryň frontunyň
bir çekgesinde durup söwşýärdi. Aklaryň ştaby bolsa, täzelikde, Tejen goşun bölümlerine
hemýat egmek däl, eýsem olary kesekiden ýaman-görüp ugrady, hatda aş-suwdan, aýlykdan
gysdy. Tejen goşun bölüminden Ak alaňa, Eziz Çapygyň ştabyna şikaýatlar yzy kesilmän ýagyp
durdy, ol atlylaryň dargamak howpy döredi. Eger ol atly bölümler dargasa, onda Eziz Çapygyň
teke hany bolmak umydy hem göge sowruljakdy. Ak alaňda oturan Eziz Çapyk, Baýramalydanda aňyrda, ýalaňaç ýatan çölde öz atly nökerleriniň aklar frontunda mert durup söweşýänine
garaman, olaryň itden egsik saklanmasyna akyl ýetirip bilmeýärdi, sebäplerini görüp
ýetişmeýärdi. Geňeşçileriň Ak alaňa şu üýşüp-çaşmasy, B. Kerbabanyň-da Amaşagapandan Ak
2
alaňa -şu çakylygy şoyuň üçindi.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
1918-nji ýylyň dekabrynda oslagsyz bir halda aklar hökümeti Eziz Çapygy Tejen iliniň hany
diýip resmi yglan etdi. Aslynada Eziz Çapyk özüne «Tejen hany» diýen tituly ak hökümetden
diläp almalymydy? Ýogsa-da aklar hökümetiniň bu işlere näme dahyly bar? Tejen halkynyň özi
Eziz Çapygy eýýäm han götereni üçin ol resmi kagyz we hatlar oglan oýunjagy ýaly bir zat
dälmidi! Her halda Eziz Çapyk üçin aklar hökümetiniň ony «Tejen hany» diýip resmi ykrar
etmesi kem ýaramandy: «Bizi aklar hökümeti tassyk etdimi, goý Ahaldan Dykma serdaryň ogly
Oraz Dykma hem teke hanlygyndan tamasyny üzüp otursyn». Hakykatda bolsa ýagdaý
başgarakdy. Aklar hökümeti Eziz Çapyga Tejeniň hany titulyny bermek bilen, ony Sowet
hökümetine garşy urşa gylawlandyrýardy.
Soldan: S.Öwezbaýew- Oraz serdar.
Baýramalydaky Mallesonyň karargähinde. 1918
(Charles H.Ellis:The transcaspian episode Operations in central Asia (1918–1919)
(Foto: AG-niň arhiwinden)
Wilfrid Malleson (1866–1946)
1918-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Eziz Çapyk bilen aklar hökümetiniň arasynda uly
wakalar bolup
geçkpdi. Eziz Çapyk şol mahallar heniz kuwwatly we arkaýyn deprenip
bilmeýärdi. Aşgabatdaky “S-R” hökümeti we Angliýanyň harby komandowaniýesi Eziz Çapyga
15.000 manat pul joşdy we Gyzyl Goşunyň garşysyna urşar ýaly, Tejen ilatynyň edermen
otrýadlary düzmekligi tabşyrdy. Şu hereket Eziz Çapygy Tejende däl, belki bütin tekeleriň
3
arasynda asmana götermelidi. Oraz Dykmanyň umyt edýän teke hanlygynyň kürsüsine Eziz
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
Çapygy oturtmalydy. Elbetde, bu waka ujypsyz halda bolsa-da, Dykma serdaryň ogly Oraz
Dykma bilen rotmeýster/ ofiser/Seýitmyrat Öwezbaýewi ynjalykdan aýrypdyr. Oraz Dykma
teke hanlygyndan umzdyny üzüp, aklar hökümetine ilişipdir. S. Öwezbaýew bolsa öz içinden
Türk paşasy/general/Enwer paşa- umyt baglapdyr. Ol Türküstanda Türkiýe bilen raýdaşlyk
ideýalaryna barha berk ýapyştdyr.
Ak alaň ştabynda Tejen daýhanynyň arkasyny alaýjak düşünjeli adamlar tapylypdyr. Sowet
hökümetiniň pukaralaryň/garyplaryň hökümetidigi hakdaky gürrüňler kän adama güýçli täsir
edipdir. Türkmeni talaýan Britaniýa we Rus çinowniklerinden/emeldarlaryndan/ haýygyp
başlan Eziz Çapyk oý-pikirlerden soň, öz hanlgynyň haýryna Sowet hökümetine tarap barha
meýillenip ugrapdyr. B. Kerbaba bir tarapdan, çarwa baýy Ulug baýyň giýewsi, Ker aganyň ogly
bolup durýardy we Eziz Çapyk oňa gulak asman duranokdy. Ikinji tarapdan, ol Buhara
medresesinde okan, Samarkant, Fergana ýurtlarynda söwdalar eden, üstesine-de, «darbalak»
jalataýlara goşulmakdan göýä saklanyp bilýän düşünjeli bir ýigitdi. Elbetde, ol hem
«jeditçilikden» sap däldi. Eziz Çapyk oňa «Jedit mollasy» diýse-de, onuň Sowet hakdaky
sözlerine pitiwa etmän duranokdy. Eziz Çapyk Buhara arkaly Daşkent bilen gatnaşyk açmaly
bolanda hem ol meselä gatyşypdy. Ine, bu gezek hem şu geňeşe ýörite B. Kerbabany ýanyna
çagyrypdy, onuň bilen gürrüň etmekçidi.
Eziz Çapygyň, Gyzyl Goşuna tarap meýli, aklar hökümetini uly howsala saldy. Angliýanyň harby
ştaby we aklar hökümeti kelte karara geldi: Eziz Çapygy harby teatrdan ýok etmeli. Ýeri, uruş
wagty; Ak alaňda gahardan dolup oturan Eziz Çapygy kim sahnadan düşürip bilmelidi? Bu
operasiýany «dörände dönük dörän» (2 t. 770 s.) Oraz Dykmanyň üstüne ýükläpdirler.
1919-njy ýylyň fewralynda Tejende, Abdkerim hanyň Eziz Çapyk bilen duşuşmagy, Hojaýazyň
toplan informasiýalary ýörite düzakdy. Bu maglumatlar Angliýanyň harby komandowaniýesine
ýetipdi we öwrenilipdi. Tejen Sowetinde-de işlän, Eziz Çapygyň Ak alaň ştabynyda-da göze ilen
Çary Garabekow soň şuny aýdýar: «Eziz Çapygyň kimdigi, nirä meýillidigi eýýäm aklar ştabyna
mälimdi. Şol sebäpli aklar hökümeti Eziz Çapygy duzaga düşürmek üçin hars urup başlapdy. Eziz
Çapygyň kellesine 250.000 manat pul baýragynyň goýlandygy hakdaky söz Tejen ilatynyň
arasynda ýaýrap gidipdir. Aklaryň harby ştaby we aklar hökümeti Eziz Çapygy aradan aýyrmak,
harby ştabyny dargatmak, onuň goşun bölümlerini Sowetlere garşy uruşdyrmak üçin pul
gaýgyrmajakdy.»
Eziz Çapyk Ak alaňda, Tejen şäheri bilen arany mäkäm berkidip, köne nobur/nawur we jarlarada garawullar goýup, saklyk bilen goranyp oturýardy. Şeýle bolandan soň aklar hökümetiniň
razwedkasy Eziz Çapyky haýsy ýol bilen bolsada, Ak alaňdan alyp çykmaly diýen karara gelýär.
Onuň üçin saýlanan ýol bolsa Eziz Çapgyň aklaryň frontunda hereket edýän goşun bölümlerini
gysmakdy. Tejen goşunynyň arz we şykaýatyna Eziz Çapyk hokman gulak galdyrmaly boljakdy.
4
Front Rawnina we Annenkowo arasynda bolup, aklaryň ştaby Baýramalydady. Ştabda Oraz
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
Dykma serhoşlyk bilen meşguldy. Aýňalan wagty Eziz Çapygyň atlybaşysy Kel hany öz ştabyna
çagyrýar we ikiçäk söhbet edýär. Şu maslahat , «Aýgytly ädim» romanynda bar. Hakykatda şol
söhbetde gürrüň Eziz Çapygyň harby syýasy hereketdäki nadanlygy (Ak alaňda oturyp,
Baýramalydaky fronta ýolbaşçylyk etmegi), has howplusy, onuň Sowetler bilen gizlin gatnaşyk
açmasy hakda gidipdir. Wezipe: Eziz Çapygy ýok etmek we Tejen goşunyň komanduýuşiligine
Kel hany bellemek bolupdyr. («Aýgytly ädim», 1949. 611—613 s.). Eziz Çapygy ýok etmek üçin
Ak alaňa güýç iberip, ol ştaby göge sowurmak pikiri-de bolupdyr. Angliýanyň harby ştaby ony
goldamandyr. Ozaly bilen, Eziz Çapyk Ak alaňda uly güýç bilen goranyp ýatýar. Ikinjiden Ak
alaňa ýarag bilen çozmak diýmek tylda front açmakdy. Bu bolsa Angliýayň wagt utmak
teoriýasyna gabat gelmeýärdi.
Aklar ştaby ahyrda operasiýa girişýär.
Frontdaky Tejen goşunlary her tarapdan gysylyp başlanýar. Olara aýlyk tölemek, geýim-gejim
bermek ; däl, gündelik iýjek azygyny hyllalla edýärler. Onbaşynyň, ýüzbaşynyň sözüni ak ştab it
üýreiçe-de görmeýär. Arzlar aýdylan ýerinde ýatýar. Goşun komanduýuşnsi Gyzl han Tejene
Eziz Çapyga çaparlar ugradyp durýar, ýagdaýyň agyrlygyndan nalaýar. Tejen goşuny çaýkanyp
başlagpdyr, närazylyk artyp, dardgamak howpy abanypdyr. Aklaryň ştaby bolsa Tejen
urşujylarynyň eden-etdiligine serenjam bermekligi Eziz Çapykdan talap edip, haýbatly
buýruklary ýagdyryp durýar. Eziz Çapyk şonda-da Baýramala barmakdan ýüz dönderipdir we
Gyzyl hana has artyk hukuklar berip oňupdyr. Ahyrda şikaýata çydamadyk Eziz Çapyk öz
ynamdar adamy bolan Hally Şamyrady Tejenden Baýramala, fronty barlamaga, ýagdaýa göz
ýetirmäge iberipdir.
Aklaryň ştabyndan gelýän talaplar bolsa ýene-de artypdyr. Ç. Garabekow şuny ýazýar: Eziz
Çapyk toweregini berkidip, Ak alaňdan hol ýere-de çykmady. Ol ozalky başdaş aýaly, ýene-de
Akmämmet halpakyň alyp beren aýalynyň üstüne-de Çaşgyn obasyndan alnan üçünji bir owadan
gyzyň keýpini görüp ýatypdyr. Käwagt bolsa «Owgan hanynyň» iberen ýorgasyny şemalladyp,
oba arasyna çykypdyr. Aklar ştabynyň çakylygyna bolsa asla barman, Tejen ilatynyň üstünden
hanlyk sürüp oturýar. Şu ýagdaýlar Eziz Çapygyň Tejen içindäki abraýyny hem peseldipdir.
Beýleki tarapdan, onuň ideýa göreşlerini unutdyryp ugrapdyr.
B. Kerbaba elbetde, Eziz Çapygy Tejen hany hökmünde sylasa-da, onuň harby-syýasy we ideýaahlak babatda maýşlygyny görýär. Tejen intelligensiýasy, ýagny «darbalaklary» Eziz Çapygyň
yňdarma çäkli we zabun taraplaryny makul görmändirler. Hatda olar Eziz Çapykdan dynmak
ideýasyna meýilli bolupdyrlar. Eziz Çapygy Ak alaňdan haýsydyr bir diplomat, aksakal ýa-da
ulama çykaryp biljek däldi. Bu hany onuň öz ynamdar adamlarynyň üsti bilen almak gerekdigini
«darbalaklar» syzdyrypdyrlar. Şeýle adam bolsa Tejende diňe Hally Şamyrat bolupdyr.
Baýramalydaky nökerleriniň üstüne, olaryň aýlyk we eşik, azyk we suwluk meselesine barlaga
5
hem Hally Şamyrady ibereni şonuň üçindi.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
Hally Şamyrat Tejenden Baýramala gelip düşýär. Onuň elinde Eziz Çapykdan ýörite ynanç haty
bolupdyr. Ol şol hat bilen aklaryň ştabyndan Tejen goşunynyň aýlyk hakyny almaga hakly
bolupdyr. Aklar ştaby bolsa Hally Şamyrady süýjülik we mylaýymlyk bilen garşylap, derrew ara
alypdyr. Olar aýdypdyrlar: «Tejen atlylary berilýän buýruga gulak asmaýarlar. Olar ullakan başbaşdaklyk edýärler. Olara pugta düzgün berýän, öz diýenini etdirýän edermen adam ýok. Ine,
indi Eziziň özi bir gelip, adamlaryny düzgüne salmasa ýa-da jogap sorar ýaly edermen hem
diýenini etdirip biljek adamyny belläp, bize görkezmese, onuň nökerleri bize haýyr däl-de
tükeniksiz zelel berýärler. Işler bütin çatak bolup ýatyr. Aňrujy özi ýarap, özi bu ýerde bolsa, ol
has gowy. Juda bolmaýanda, bir sapar özi gelip, özi barlygyndaky ýaly bolup durar ýaly edip
bersin ahyry». Bu sözler Hally Şamtrady ýumşadýar, hatda ynandyrýar. Ştab oňa sypaýylyk bilen
pugta tabşyrýar. Ahyrda Hally Şamyradyň özi-de berk ynanar ýaly, onuň bütin pul işlerini hiç hili
säginçsiz derrew düzedip goýberýärler. Aklar ştabyndaky epeý baýarlardan onça hormat gören,
munça hoşamat eşiden Hally Şamyrat frontdan gaýdyp, Ak alaňa gelenden soň ahyrda Eziz
Çapygy öz sözüne ynandyryp bilýär. Ine, şeýdip Eziz Çapyk ahyrda Tejenden çykyp, Baýramala
gitmek, öz nökerleriniň içine barmak pikirini ýüregine düwýär.
Akgwardiýaçylaryň we Britan interwetleriniň karargähi. Baýramaly
Şu maglumatlar haýsy ýol bilen bolsa-da, B. Kerbaba-da mälim bolupdyr.
Aýdaly, «Aýgytly ädim» romanynyň arhiw ýazgylarynda şu maglumatlar esasan, sataşýar. Ýazyjy
Täşli dilmajyň, Baýramalydan gaýdyp Tejene gelen wakasyny şeýle berýär: Şol gün agşam Täşli
dilmaç hem ştabdan gaýdyp geldi. Ol Eziz üçin aýylganç habar getirdi: Oraz serdar, Eziziň hut özi
gelip, öňki alan pullaryna hasap bermese, indiden beýläk goşunyna bir köpük hem berjek däl,
geýim-gejimden kesjek, iýmitlerini ýene ýarpy azaltjak. Eziziň öteki alan pullaryny şolaryň
aýlygyndan tutjak. Iň, ýagşysy, Eziziň özi gelsin, ýogsam onuň iňlis (soň «inglis» sözüniň üsti
çyzylgp, «soýuznikler» diýlipdir, —T.N ) komandowaniýesiniň talabyna görä harby suda berjek
diýipdir. Diýmek, Eziz Çapyk üçin bir ýol bar; Ak alaňdan Baýramala barmak, aklaryň ştabynda
6
Oraz Dykma bilen duşuşyp, işleri ýola goýmak.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
Eziz Çapyk Ak alaňdan Baýramala haýsy ýol bilen gidip bilerdi?
Bu ýerle iki ýol bardy. Bir ýol Tejenden Gum içi bilen gidip, Aýgöreniň üsti bilen Mara inmekdi.
Ikinji bir ýol, Tejen stansiýasyndan ýörite wagonda Mara düşmekdi. Ülkede uruş barýany üçin
bu ýollaryň ikisi-de eýmençdi. Ak alaň ştabynda iň soňky geneş haýsy ýoldan, nähili güýç bilen
haçan ugramak, kimle ri alyp gitmek barada bolupdy. Gyzyl han we başga adamlar göterip-goýup
Eziz Çapyga çöl içi bilen atly gitmegi maslahat berdiler. Beýleki birleri agyr ýoluň azabyndan
dynmak üçin Tejenden otla münüp, Mary-da düşmegi, ähtibar nökerleri artygrak
göteräýmelidigini maslahat görüpdiler. Olaryň hersiniň delili-de bolupdy. Eziz Çapygyň özi bu
ýollar barada ýörite oýlanmagy makul gördi. Uzyn gijesini oý bilen geçiren Eziz Çapyk Tejene
baryp, ýörite wagonda gitmek, töwerege dabara bermek kararyna gelýär. Aslynda, Eziz Çapyk
aklar frontunda ştabdan öýkeläp, Oraz Dykma ýaly bir keýipbaza gahar edip, Ak alaňa gaýdyp.
nähak eden bolmasyn! Ýa-da Angliýa hem ak ofiserleriň haýyşlaryny ýere salmak ony abraýdan
hem geljekdäki ornundan el üzmeklige eltäýmesin? Eziz Çapgyyň frontdaky goşunynyň häzirki
pajygaly haly hem şol sebäpli döran bolup, olar gaharlaryna erte gelip, Ak alaňy bütin ýumursa
bildiňmi? «Gaýrat gününde gaýra durduň» diýip. Tejen ilaty öýke etmezmi? Eýsem, Sowet
döwleti, Daşkent näme pikirde bolar? Daşkent häli birden «Gedemlik edip, arkaň bardygyny
mälim etdiň» diýse, oňa näme jogap berjek? Ýok, her hili ýagdaýda-da Baýramala gitmek, fronta
gatyşmak gerek. «Ýagynyň daşyndan içi aman» diýen söz bar. Başga möhüm işlerini şol
ýerden-de hereket etdirip bolar! Şol sebäpli Eziz Çapyk Tejen aýagyndan gelen atlylary ertir
irden ugradandan soň, özi hem şaýyny tutmaga durdy.
Bu howatyrly ýola nähili serişde, enjam hem güýç gerek? Eziz Çapyk kelte maslahatdan soň öz
iň ähtibar adamlaryndan Hally Şamyrady, hemişe ýanynda göterýän ýigidi Baýmyrat
Mämmetwelini almagy makullady. Ol Amaşa_gapandan gelen Berdi Kerbaba Hem nazar aýlady
we ähmiýetli bir ses bilen: «Sen hem Mara çenli biziň bilen ötägit» diýip bildirdi. B. Kerbaba ol
ýola näçe göwnemese-de, häzirki ýaly aýylganç bir pursatda ýoluň howatyrdygyny bilse-de,
onuň üstüne Tejendäki «darbalaklaryň» Eziz Çapyk hakdaky hyşg-wyşysyny eşideni üçin gitmek
islemedi. Emma Eziz Çapyk ýaly Tejeniň hany aýdanyndan soň oňa heý, garşylyk görkezip
bolarmy? Eziz Çapyk bularyň daşyndan ýene 10 gowrak edermen nökerine hem ýola
şaýlanmagy buýurdy. Özüniň ýoklugynda Ak alaňdaky edilmeli işler hakda esasy adamlara
görkezmeler berdi. Daşdan garaşylýan we garaşylmaýan myhmanlar agzaldy. Eserdeňlik we
seresap bolmak, düýgudaş gezmek barada hem duýduryşlar berildi. Ine şeýdip Eziz Çapyk Tejen
stansiýasy arkaly Baýramala ýola düşmek kararyna gutarnykly geldi. Özi mümkin boldugyça
berkinip, mundan galanyny bolsa «Hudaý bardyr» diýip. onuň üstüne atmak bilen kanagat tapdy.
Bu taryhy äheňler B. Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» eserinde, ýene başga adamlaryň
ýatlamalarynda sataşýar. Şol taryhy wakalardan habarly bolan Durdy Gurbanow şu hili
7
ýazypdyr: «Eziz Çapyk şu hili berk tapşyryklardan soň 12 sany gorag nökeri bilen Tejen şäherine
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
gelýär». Subhanberdi Annagurban (1899—1984) şol wakalary ýatlanda: 1919-njy ýylyň fewral
— mart aýlarynda Eziz Çapyk ak ştabdan öýkeläp, Ak alaňda köp ýatypdyr. Oňa töwerekden
töwellaçylar gelip fronta gelmegi Tejen atly nökerlerine eýe durmagy töwella edipdirler. Aklar
we Angliýa ofiserleri hem şu hili gep aýdypdyrlar: «Frontda ýagdaý juda agyr, sen bolsa öýke
edip, Ak alaňda bizden kineli bolup ýatýarsyň. Biz seniň üçin Tejenden Mara gider ýaly ýörite
ştab—wagon döretdik, sen Mara gel we fronty golda» diýip aýdypdyrlar.
Eziz Çapyk şondan son Ak alaňdan öz töweregi bilen çykyp Tejen şäherine tarap ýola düşüpdir.
«Aýgytly ädim» romanynyň irki wariantlarynda şu epizod döredilipdir. Ol ýerde Ak alaňdan
Tejen şäherine gelen Eziz Çapyk ýanyna şol nökerleri, ýene-de Täşli dilmajy (Täşli dilmaç—bu
Hally Şamyrat.—T. N.) Madyr işany (Madyr işan—bu Baýmyrat Mämmetweli. —T. N.), Durdyny
(Durdy—bu ýazyjynyň «Ýoly ýörän ýeňer» makalasynda aýdyşy ýaly, B. Kerbabaýew. — T. N.)
alyp gaýdypdyr. Ahyrda şu wakalaryň içinde ýa-da gyrasynda duran Çary Garabek, ýene şulary
aýdýar: «Aradan birnäçe gün geçenden soň, Eziz han ýanyna iki sany ýaragly sada nöker we öz
ýakyn adamlaryndan hem Hally Şamyrady, molla Berdi Kerbabaýewi we Baýmyrat Mämmetweli
ogluny alyp, Baýramala gitmekçi bolup, Tejen stansiýasyna gelýär». Eziz Çapygyň şol wakalarda
ynamdar adamy Gyzyl han Sary ogly şeýle ýtlaýar: «Meniň ýadymda bar, Eziz Çapygyň
otrýadynda özi Tejenden Berdi bardy. Ol häzirki ýazyjy Berdi Kerbaba bolmaly. Ol öz atasy ýaly,
söwda bilen meşguldy, sowady bardy. Berdi megerem Eziz hany Mara ugradýan dört jigidiň biri
bolupdy». Ýazgylaryň tas hemmesi şol bir ýagdaýy gürrüň berýärler.
Ak alaňda Eziz Çapyk öz topary bilen atlanyp, ýola düşende gün günortana golaýlapdyr. Onuň
aýagynyň astynda dor ýorga göwünjeň gopup, oýnamak isleýärdi. Eziz Çapyk bu dor ýorgany
Tejendäki meşhur arçynlaryň biriniň elinden basyp alypdy. Özi öz ýanyndan hamana Tejen
ýurdunda şundan başga bir gitgir ýorga ýokdur diýip hasap edýärdi. B. Kerbabanyň aýagynyň
aşagynda bolsa Eziz Çapyga Hywa ýurdundan, Jüneýit handan sowgat gelen kiçijik bir gär ýorga
söpjeýärdi. Eziz Çapyk barýan topar adamyň kellesinde öňräk saýlanyp sürýärdi. Onuň ýany
bilen B. Kerbaba barýardy. Tejeniň tekiz meýdany alabahar howasynyň ýakymy, atlaryň oýun
höwesi birden Eziz Çapygy-da joşdurdy. Eziz Çapygyň yşaraty bilen B. Kerbaba gär ýorganyň
uýanyny gowşadyp ugrady. Eziz Çapyk we B. Kerbaba Tejeniň ala meýdanlarynda ýorga
sürüşenlerinde, gär ýorga Eziz Çapygy yzda goýdy we takyr meýdanyň ýüzi bilen ýene ýöremän,
eýsem mähnet gaz ýaly moýminläp gitdi.
Öňde Tejen şäheri göründi.
Eziz Çapyk öz atlylary bilen baryşyna Tejen stansiýasyna ýakyn hasap edilýän Azyz baýyň
howlusyny nazarlap sürdi, beýleki atlylar hem şoňa eýerdi.
8
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
1919-njy ýylyň mart aýynyň üçi günüdi.
Mejburlykdan Ak alaňdan Mara, aklaryň ştabyna barmaly bolýan Eziz Çapyk ahyrda Ak alaňdan
on sany edermen nökeri, içinde B. Kerbaba hem bolmak bilen, uç sany ynamly adamy alyp ýola
düşüpdi we ir ikinlinler atlaryny sürüp Tejen şäherine gelip giripdi. Tejekdäki meşhur çaýçynyň
saraýy Eziz Çapygyň köneden düşlegidi. Zakaspide/Türkmenistan/ uruş ody tutaşmak bilen
bolsa ol bu çaýhanany özüniň ýaşyryn aragatnaşyk bölümine öwrüpdi. Eziz Çapyk, Berdi
Kerbaba, Hally Şamyrat, Baýmyrat Mämmetweli tirkeşip, özbaşdak bir päkize otaga
baranlaryndan soň Eziz Çapyk öz ýörite adamlaryny huzuryna çagrmak bilen, Tejen içiniň
wakalaryny sorady, töwerekden alnan habar we maglumatlary diňledi. Diňe şundan soň ol
özündäki ýaşyryn galagoplugy hem howsalasyny basyp, oturdy.
B. Kerbaba üçin howatyrly bir ýagdaý bar bolsa, ol Eziz Çapygyň şu howply günde Tejene demir
ýoluna gelmegi we telefon simleriň- çolaşmagydy. Özi, Dykma Oraz bilen jet, ak hökümet bilen
gamyş köpri, kepderi mydary, üstesine-de; Angliýa hökümeti bilen garazly iş görýän Eziz
Çapygyň şu yňdarmalygy täsindi, nogtasyny öz eli bilen öz ýagysynyň goluna tutdurmagy
howatyrlydy. Berdi Kerbaba üçin
asyl Abdykerimiň yzy köp nökeri bilen gelmesi hem
Hojanýazyň busup galmasy şübhe oýarypdy. Emma Eziz Çapyk ýaly bir hanyň ýanynda olar
barada aýtmagy, şübheler etmekligi uslyp bilmedi. Asyl ol bu zatlary bileninde bir aýdyp
biljekmidi? Soň seredilip oturylsa, Abdykerim han ýörite Eziz Çapygyň kastyna çykarylan bolup,
şu duşuşykdan soň bolsa Daşhowza diýip gum içi bilen öwrülip beýleki tarapdan Aşgabada
dolanyp gaýdypdyr. Bu maglmmat «Aýgytly ädimde» bar: «Eziz bolsa Abdykerim hany bütin
nökerleri bilen Göksüýri duralgasyndan düşürip goýberenlerinden, onuň öz janyna kast etmäge
çalyşýanyndan türk ofiserlerini barlamak üçin Hojanýazy onuň ýörite goýup gideninden habary
bolman, dostunyň halyny gaýgyrmak bilen uwkusyz ýatdy. Ştabdan gelen otrýad, Abdykerim
hany onuň ertesi gün Tejen şäherine alyp baryp, ähli nökerlerini eşelona jaýlap, Aşgabada bakan
gönderdi. Abdykerim hanyň nökerleriniň iňlis goşunynda öz bölümlerine goşulyp, onuň özüniň
bolsa Aşgabatda «Grand otel» myhmanhanasyna baryp düşeninden ştabdan gelen otrýadyň-da
asyl aklar ştabynyň özüniň-de habary ýokdy» (2 T. 779 sah.). Şu äheňden seretseň Eziz Çapyk
babatda Anglnýanyň harby missiýasy özbaşdak iş görýärdi. Aklar hökümeti, aýratyn-da, Oraz
Dykma ýanamçy ulanylýardy.
Eziz Çapyk duzak bilen töwereginiň torlananyny ozal duýmaýardy indi bolsa şol duýgusyny
daşyna çykaryp bilmän, içini hümledip otyrdy. Hally Şamyrat beýemçilik edip, Tejen wokzalyna
9
baryp naçalnikler bilen ýol beledi hakda sözleşdi. Wokzal naçalnigi aşakdaky maglumatlary
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
aýdypdyr: Ertirki gaýdan otrýadyň eşelony ugrajak bolup durýar. Eziz Çapyk üçin şondan ýörite
bir wagon boşadyljak. Goý, bular bile gitsinler. Mary otrýadynyň komandiri Eziz Çapyk ýaly bir
han bilen bile gitmeklige monça bolupmyş. Aslynda munuň aňyrsynda näme niýetleriniň baryny
alla bilsin. Hally Şamyrat şundan soň Tejen wokzalynyň harby komendanty Sysýewiň ýanyna
girip çykýar. Şundan soň bolsa ugramak işi has-da bulaşýar. Hamana otrýadyň eşelonyny alyp
gitjek parowoz/lokomotiw/ bozulanmyş. Şeýdip Eziz Çapygyň Mara ugramaklygy barha yza
tesdirilipdidr.
Bulaşyklyk Tejen wokzalynyň harby komendanty Sysýewden turýardy. Eýsem şol günlerde
Tejende Sysýew atly adam bolupmy? B. Kerbabaýew «Aýgytly ädim romanynyň irki
wariýantlarnyda şu Sysýewi (B. Kerbabaýewde «Sysýew» —T. N) ýatlaýar. Diýmek, B.
Kerbabaýew eger ýatlaýan bolsa onda ol fakt dogrudyr, ol galat zady asla aýtgyç bolmandyr.
TSSR IIM we TSSR DHK arhiwiniň içine girmek däl, asyl gapysyndan garadylmany üçin biz TSSR
MDA materiallaryny dörüp ugradyk. 10-njy günde şeýle bir dokument gola düşdi. Sysýew 3.
dekabr, 1918- nji ýylda Mary ýaşaýjysy Ýusup Azyzullaýewden 10 funt (~5 kg) gara çaý
rekwizirläp/ jerime/ alypdyr we ol çaý bada-bat ýitirim bolupdyr. Soň gözleg artypdyr. Şundan
soň Sysýew ol harydy rekwiýasiýa bahasyndan tölejekdigi barada dokument ýasap oňa öz
goluny goýupdyr. Gol: «K. Sysýew» görnüşinde tartylypdyr. Ýene-de Tejen raýonynyň
komendanty 18 ýanwar 1919- njy ýylda Tejen prodkomynyň başlygy Obraztsowa gyssagly
telegremma iberipdir we 29-njy dekabr 1918-nji ýylda Tejenden 2—3 werstlikde bugdaýly
kerwen saklanypdyr. Ol kerweni Saragtdan bir Türkmen alyp barýan eken we Eziz han Çapygyň
obasyna eltmeli eken. Telegrammanyň astyna «K. Sysýew» diýlip gol çekilipdir. A. Obraztsow 22.
01. 1919-njy ýylda oňa şeýle wiza goýupdyr: «Kerwen goýberildi sebäbi bugdaý rekwizasiýa
degişli däl». Tejende 1919-njy ýylyň ýanwarynda kapitan K. Sysýewiň ady şäheriň we
stansiýanyň komandanty hökmünde birnäçe gezek gelýär. Diýmek kapitan K. Sysýew, Eziz
Çapygyň Tejene baran pursatynda bar we B. Kerbabaýew bu zatlary gözi bilen görüp, şundan
soň romanda ýazypdyr.
Parowoz bozulyp, derde ýaramany üçin kapitan K. Sysýew Tejenden tiz Aşgabada telegramma
beripdir. Maglumata görä şu eşelonyň parowozy Aşgaatdan daňdan ýa-da ertirden soň gelip
ýetjek. Bu maglumatlar äşgär bolanda gün Tejenden kybladaky dagdan aňryk sallanypdyr.
Çalasyn işleýän komendant Kapitan K. Sysýew, Eziz Çapgyga we onuň toparyna dürli dilde
tüýdükler çalyp bermäge başlapdyr. Hamana gije sagat 12.niň ýarynda Aşgabatdan poçta geljek,
Kaka telegramma berip, şol ýerde ol poçtanyň yzna Eziz Çapygyň ýolagçylary üçin iki sany
wagon, olaryň birisi ýumşak, beýlekisi bolsa klassnyý wagon boşadyp tirkäp goýbermekligini
haýyş edipdir.
demir ýol hereketi bütin gapyşana döndi. Onuň üstesine-de Eziz Çapyk üçin wagon meselesini
10
Eziz Çapyk özüniň girdaba düşenini barha beter duýup ugraýar. Ýogsa-da, Eziz Çapyk üçin indi
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
gel-gel indi Aşgabat çözmeli bolup durýar. Bu eýse Eziz Çapygyň nirdedigi hakda aklar
hökümetine buşlamak dälmidir. Eziz Çapyk ikirjiňlenip ýörkä çaýhana birden kapitan K.
Sysýewiň özi gelip girýär. Ol elini papagynyň etegine göterýär we çest berýär. Sysýew, B
Kerbabanyň ýazmagyna görä, sakal, murty syrylan, gözleri sary pişigiňki ýaly gök, sargylt
gaşlagy ýuka gabaklary ýellenip dyran, saçlary sary, boýy Eziz Çapygyň özüniňkiden-de
daýawrak bir adam. Ol resmi dilde şatlykly söz urýar: «Jenaby Eziz han eşelonyň parowozy
bozuk. Ol ertirden soň ýola duşjek. Aslynda gyzyl wagonda (guma) bulaşyp gitmegi men siziň
jenabyňyza laýyk bilmeýärin. Onuň üçin belki maňa käýinç-de geler. Men häzir Kaka
stansiýasyna telegramma-da berdim. Siziň üçin ýörite wagon geler. Siz şonda arkaýyn gidersiňiz.
Hatyrjem boluň otly geler wagtynda men özüm size habar bererin!»
«Bende tedbir küned, Taňry takdyr küned ‫ تانگری تقدیر کند‬-‫»بنده تدبیر کند‬. Ýagny «Bendesi peýlär,
Taňry etjegini eýlär». Eziz Çapyk, Berdi Kerbaba, beýlekiler üçin otla garaşmakdan başga çäre
ýokdy. Eziz Çapyk we Berdi Kerbaba, Tejen stansiýasynyň özünde eýýämden duran bir ýumşak
we bir klassnyý wagona şeklenmek bilen göz gezdigip durýarlar: «Şol geljek diýilýän wagonlar
şunuň özi dälmikä?». Ol wagt Tejen stanştýasy bilen Tejen şäheriniň arasy açyklyk bolany üçin
Eziz Çapyk we Berdi Kerbaba şäherdäki çaýhanany uzak görüp, Tejen stansiýasynyň edil
garşysyndaky Garaýüz mollanyň çaýhanasyna tarap ýöreýärler, töwerek hem şolara eýerýär.
Eziz Çapygyň umytlary ýykylaýmasa-da, bütin yrandy.
Eziz Çapyk wagonda
Eziz Çapyga tarap on ýerden sapança we bäşatar gezeldi, mäşeler şykyrdap yzyna gaýtýar.
Kapitan Sysýew daşaryk gygyrýar: «Eziz Çapyga ýaragyny bermekden el çekýär!». Eziz Çapyk
ýokarky polkada/tagt/ ýatan ýerinden tirsegine galdy we wagonyň penjiresinden daşaryk
esetdi. Hakykatdanda serbazlar onbir atarlarny gezeşip dur ekenler. Şol wagt kapitan Sysýewiň
sesi eşidildi: «Bir...iki»... Eziz Çapyk töweregine öz adamlaryna garady. «Ol haramzadanyň näme,
beýle syrtyna ot basylýan ýaly-da!. Ol beýle nämä gyssanýarka?» diýip sorady.
Kapitan Sysýew şu ýerde-de günäni öz boýnundan syldyrmak aladasyny edýär: «Eziz Çapyk,
men hem özüňiz ýaly bir gullukçay adam, buýruga ýerne ýetirmesem, seniň günüň, meniň
başyma geler. Siz maňa gulak asyň. Saňa, elbetde, hiç bir zat edesleri ýok, Aşgabada bararys,
sorarlar, goýbererler. Eger häziriň özünde ýaragyňy uzatmasaň onda seniň bilen men hem, asyl
şu duran esgerler hem oda ýakmaly! Sypaýylar wagony otlaýarlar». B. Karbaba ýatan ýerinden
juda haýran galdy: «Be-aýt, Eziz Çapýgyň ýüregi demirdendirmikä?». Eziz Çapyk kapitan
Sysýewe şol daşarky duran ýaragly güýjüň uly komandirini, ýene-ýeneleri talap edýär.
«Bolmaýar» diýip jogaby alandan soň Eziz Çapyk öz adamlaryna sala salýar: «Ýigitler, indi
ädimiň» şu wariantynda «Madyr işan» sözüne derek «Baýmyrat» diýen sözi birnäçe gezek
11
nätmeli?». Hally Şamyrat bimamlalyk bilen ýüzüni aşak salýar, Baýmyrat bolsa (awtor «Aýgytly
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
ýazypdir. T. N.) diýjegini diýip bilmän, dodagyny gemirýär. Berdi Kerbaba tirsegine galýar we
maslahatyň ýeri däldigni duýduýar. «Eziz han şol maslahaty bizden sorama-da öz göwnüňe
näme gelse şony-da et!» diýip jogap berýär. Eziz Çapyk dikelýär, aýgyt idip bilmän ýaýdanýar, öz
adamlaryna haýpy gelýär. «Ýeke özüm bolan bolsam, ýaragy hergiz bermezdim. Juda bolmanda,
bir-iki sanysyny alyp ýatardym». Bu, elbetde, onuň içiniň ýangyna aýdan sözleridi. Onuň hyrçyny
dişläp, başyny ýaýkany weli bellidi. Eziz Çapyk ýene hasanaklap tirsegine garşy ýanbaşyny
sermedi. Sysýewe we onuň nökerlerine alarylmak bilen garady. Birden gorkan we ýüzüniň reňki
öçüp giden Sysýew götin basdy. Eziz Çapyk ahyrda nalaçlykdan mauzerini aşak uzatdy,
kemeriniň içindäki jübüsişen çykaryp naganyny/tapança/ hem berdi...
Operasiýanyň näçalnigi, Eziz Çapygy, Hally Şamyrady, Berdi Kerbabany we Baýmyrat
Mämmetwelini aýry küpelere sokup, olaryň hersiniň küpesiniň agzyna dört sany ýaragly soldaty
dikdi. Özbaşyna bir küpä, geçeni üçin B. Kerbaba ýanynda geňeş edere adam tapmady. Asyl,
geňeş bolaýanda-da onuň ýanyndaky ummasyz puluň täleýin çözüp biljegi ýokdy. Şol ummasyz
pul Berdi Kerbabany has-da howsala saldy. dälilik hetdine ýetirdi: «Bu ölçegsiz puly kimiň
üstüne atjak?». Ahyrda B. Kerbaba «Aýgytly ädimiň» irki wariantynda jikme-jik beýan eden şu
wakalarynyň soňuny şu hili sözler bilen tamamlapdyr: «Iki wagony yzyna tirkäp, götin duran
parowoz, gün ýerden syçyrap galandan soň Aşgabada bakak ýüz tutdy».
Göksüýrüden gaýdan bu jotdaja sostawdaky oturan dört sany tussaga nirede, nämäniň
garaşýany hiç haýsyna-da mälim däldi?
Eziz Çapygy, Hally Şamyady, Baýmyrat Mämmetwelini we Berdi Kerbadany howsala içinde
Göksüýrüden tersin tarapa gyssanmaç tartyp gaýdan jotdaja sostaw, ýolda hiç ýerde togtaman
şol gaýdyşyna ikindin aralar Aşgabat wokzalynda daýandy.
Eziz Çapygyň we onuň toweregindäkileriň eýýäm tutulany tiz arada Tejen içine ýaýrady. Durdy
Gurbanow öz ýörite ýatlamasynda şol wakany tassyk edýär: Eziz Çapyk Ak alaňdan öz on iki
ohranasy/garawul/ bilen Tejene geldi, ýörite taýyarlanan wagona mündi onuň ohranasy
ýanaşyk wagonda ýerleşdirildi (Eziz bilen bile Kerbabaýew hem bardy). Ertiriň öň ýanynda
Göksüýri stansiýasynda Eziziň wagony alnyp galyndy. ohranasyz halda ol tussag edildi we
Aşgabada getirildi. Eziz Çapygyň we onuň töwereginiň tussag edilişini Gyzyl han hem ýatlaýar:
Eziz Çapygy Mara ugradan dört jigidiň biri Berdi Kerbabady (Aklar olary tussag etdiler). Şondan
ýatlaýar: «Tizlikde aklar Eziz hany tussag etdiler».
12
soň Berdä näme bolanyny men bilemok. Gyzyl han başga bir ýatlamasynda-da şol tussaglygy
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
Tejen adamlarynyň şol tussag edilen güni anyk haýsy gün? B. Kerbabaýew 1948-nji ýylda ýazan
«Terjime halynda»: «19-njy ýylyň başynda «menşewikler» meni «bolşewik» hasap edip, türmä
basdy» diýip ýazdy. Awtoryň başga bir ýazgysynda bu wakanyň wagty ýene-de
anyklaşdrylypdyr: «1919-njy ýylyň mart aýynda syýasy günä ýükläp, aklar tarapyndan tutulyp,
bir aý ýatan....»
Bu hakda dürli ýerde dürlüçe: 2-nji, 3-nji we 4-nji mart agzalypdyr. B. Kerbabaýew rusça
terjimehalynda: «2. III. 1919 года велыми был арстован з связъ с болшевиками и мое дело
предано военному полевому суду»1. diýýip ýazýar. B. Kerbaba: «Gyzyl Goşun bilen gatnaştyda
aýyplap, ak gwardiýaçylar meni 3-nji Martda (1919) tussag etdiler» diýip ýazdy («Izwestiýa», 7,
XII. 1967). «Aýgytly ädimiň» irki wariantlarynyň birinde şol waka ýazylanda: «Martyň 4-nji
güni... Eziziň tutulan habary Zakaspi oblastyna we Eýranyň Maşadyna(Britan konsulyna bolsa
gerek. AG) birden ýaýrady» Diýlipdir. Diýmek, tussaglyk wakasy 3.nji martda başlanyp, 4-nji
martda operasiýa tamamlanypdyr we olar Aşgabada alnyp gidilipdir. Şeýlelikde, Eziz Çapyk
bütin töweregi bilen goparylyp alnypdyr, beýlekiler hem şeýdip tussaglyga uçrapdyr. Şundan
soň Ak alaňda däl, bütin Tejende başagaýlyk başlanypdyr. Çary Garabek şeýle ýazýar: «Eziz
hanyň kakay Çapyk serdar we agasy Salyh hem oz ýakyn adamlary bilen Eziz hanyň basyp
goýan pullaryny, her hili gymmat baha zatlaryny, atlaryny we maşgalalaryny alyp, gum içine,
ondan-da Gökdepä raýonynyň Herrik_gala obasyna, öz dogan-garyndaşlarynyň ýanyna
gelýärler». Soňra B. Kerbabaýewiň öz ýazgylarynda-da şol maglulmatlar getirilipdir: Çapyk,
serdar we Salyh bütin maşgalasyny göterip guma tarap gaçýar. Alty sopy, Annagurban Inekçi,
Garry molla we başgalar, Eziz Çapygyň ştab «çlenleri» howsala düşmek bilen Tejen aýagyna
siňip gidýärler. Onuň Ak alaňdaky harby nökerleri sülgüniň jüýjesi ýaly, bütin pytraýar. Şol
pursatda tizlik bilen aklaryň otrýadlary Ak alaňa gelip dolýarlar. Ak alaň agdar-düňder edilýär,
ähli töwerek barlanýar, urular, tümmekler, küdeleriň asty, kewekleriň içi hemmesi gözden
geçirilýär. «Mal kimiňki, kime buýursa şonuňky», Eziz Çapypyň taýak, gamçy, gylyç bilen toplan,
dagyň garasy ýaly depe bolup duran bugdaýlary Ak alaňdan Tejene tarap nöbur/nowur bolup.
akýar. Ak alaň sanly günde göçülen ýurda dönüp, taňkyrap galýar.
AŞGABAT TÜRMESINDE
Eziz Çapygy, Berdi Kerbabany we başgalary Göksüýrüden Aşgabada adyp gelen otly daýanan
badyna onuň töweregini ýaragly soldatlar gurşap aldy, töwerekdäki hereketler kesildi. Tussaglar
wagondan ýeke-ýekeden düşürildi, iki tarapda hatar duran ýaragly soldatlaryň arasyndaky inçe
boşluk bilen ýöredildi. Ahyrda hem konter_razwedkanyň agentleriniň töwerekleýlin
gallamaklary bilen, tussaglary paýtunlara ýüklediler we şol ýerden dogry
«2. III. 1919 ýylda bolşewikler bilen gatnaşykda aýplanyp, aklar tarapyndan tussag edildim we işim
harby suda geçirildi.»
13
1
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
haýbatly howlusyna tarap gyssandylar. Aralykda gep, söz bütin
gadagan edilip, sähel üm-işarat üçin pistalet gezeldi, arz-şykaýata bolsa hiç kim üns bermedi.
Dört tussagy haýbatly howla getirenlernden soň, olary daşlarşy gallap duran ýaragly soldatlaryň
arasynda galdyryp, kapitan Sysýew ökjesi ýeňillik bilen hökümet edarasyna tarap ylgady.
Kapitan Sysýewi «Jemgyýeti goraýyş komitetiniň» epeý çlenleri gujaklap garşy aldy. Şu aýgytly
günde Angliýanyň hökümeti bilen garazly gatnaşyk eden, aklar hökümetine el bermedik bu
wagşy Tejen hanyny duzaga düşürip bilen şu Sysýewi başlaryna täç etmek islediler. Uzin
kabinete tiz üýşen ak dikmeleriň sürüsi eýýäm işlenen plana gorä, Eziz Çapygyň we onuň
töweregindäki adamlaryň täleýlerini tiz çözdüler. Wezipeler aýdyň, marşrutlar eýýam
kesgitlenipdi. Kapitan Sysýew Tejen wakalaryny şowhun bilen gürrüň bermek üçin köp wagtyny
sarp etdi, şeýdip özüne gelýan abraýyň derejesini götermek isledi. Soň bolsa ol bu zatlar hakda
raport ýazdy: «Belki Eziz Çapygy öz topary bilen Angliýanyň harby ştabynyň ygtyýaryna
bermelidir, goý ol Türküstandan Hindistana gitsin we Beýik Britaniýanyň ol ýerlerdäki zorunyda görsün!». Kanstantinopolyň/ Istanbulyň/ üsti bilen Angliýa tarap dokumentlerini sazlaň we
jübsüne salaň. Družkin hem şol pikiri goldady. Belki, Eziz Çapygy we töweregindäkileri ertire-de
goýman ýoklamak gerekdir! Beýle edilse öl we gury bile ýanyp gitmezmi? Eziz Çapyk häzir
saklamak, indiki bir pursatda ony Türküstan babatda ulanmak üçin oýlanmak hem boljakdy.
Komitetiň çlenleriniň käbiri Eziz Çapygy eden jenaýatlary üçin Aşgabatda sud edip, Tejen
halkynyň gözüniň öňünde atmak barada teklip girzdiler, ygtyýarsyz adamlaryň ýersiz çekeleşigi
uzak sürdi. Biri batly ses bilen mälim etdi: «Eziz Çapgy harby suda bermek barada general
Mallesonyň görkezmesi barka, bu indiki maslahat näme? Komitetiň özi garantga bolany, biçýän
özi, kesýän özi däldigi üçin, dogrudan-da, bu jenjel ýerliksizdi. Şu çekeleink dört sagat dowam
edip, ahyrda gutardy.
Komitetden çogup çykan adamlar garaňkyda duran belent ýerden Türkmen hanyna, onuň
geňeşçilerine nazar saldylar. Emma göz eglenerlik bir zat görmändikleri üçin her kim bir tarapa
pytrady. Ofiserleri görüp, Eziz Çapyk we töweregindäkiler hem ör turdular. Azym bilen berilýän
buýruklardan soň Eziz Çapyk, Hally Şamyrat, Berdi Kerbaba, Baýmyrat Mämmetwelini ýene
paýtunlara ýükläp köçä çykdylar we Gogol köçesiniň ugry bilen dik gaýralyga baka şakyrdap
gitdiler. 1909-njy ýylda Gogol diýlip at goýlan bu köçäni, töwereginiň garam-guramy bile
dolduryp, tirkeşip barýan paýtunlar demir ýoluny-da kesip ötdüler. Ahyrda baryp bişen
kerpiçden beýik diwarlarynyň üsti çüýşe döwükleri bilen bezelen, daşy ofiserlerden garawully
demir derwezäniň gapysynda saklandylar. Derwezäniň ýanyndaky kiçi gapy jygyldy bilen açylyp,
tussaglary şol gapydan çoça/düýe/ ýaly tirkeşdririp saldylar, ahyrda gallap türme naçalniginiň
jaýyna saldylar. Ine, şu ýerde berk barlag başlandy. Eziz Çapyk menşewik ştabyna talaň salan
ýüzlük kagyzyndan iki petdesini guşagynyň arasyndan çykaryp stola goýdy. Türme naçalniginiň
14
bolsa-da, ýanyndan diňe bir müň manat pul çykdy. Emma Berdi Kerbaba, Nikolaý döwrüniň bäş
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
we kapitan Sysýewiň gözleri giňden açylyp, şu üýşmek pula gelip direldi. 100.000 manat pul
dogrudan-da, eslije bardy.
Düýn Tejeniň ala meýdanlarynda ýorga sürüşen Eziz Çapyk we Berdi Kerbaba bu gün Aşgabat
türmesinde tussag durýardy. Bulary ýeke-ýekeden kameralara alyp ugradylar. Eziz Çapygy
demir gapydan ötürip, türmäniň ikinji howlusyna geçirseler, Berdi Kerbabany içi 15 adamly bir
kamera eltdiler. Kameranyň gapysy şakyrdy bilen daşyndan gulplanandan soň Berdi
Kerbabanyň ýüregi agzyndan çykarly göründi. Ol 25 ýyllap böküp-oýnap gezen Teje ýurdundan
aýrylyp, dara gabaldy, 25 ýyl bile gezen ene-eta, maşgalasyndan jyda düşürlipdi. 25 ýyllap islän
ýerine baryp gelýän ýigit güýlenen guza owrüldi, 25 ýyllap gün şöhlesiniň astynda asuda gezen
şol erkinliginden mahrum edipdi. Dogrudanda Amaşa_gapan obasy häzir nähili haldaka?
Kerbaba näme bilen meşgulka? Belki, ol bu zatlary eşidenem däldir? Belki aklar ştaby ony-da
eýýäm tutup alyp gaýdandyr. şu töwerekde bir ýerde saklap durandyrlar? Berdi Kerbaba Mir
Arap medresesinde okaýarka jeditler bilen tantşdy. Russiýadan öwüsýän rewolýusion şemala
tamşanypdy. Tejen ýurdy belki Türkmen ulusy bütin täzeçe ýaşar diýip oýlandy. Ine, onuň
garaşýan azatlygy göwnüniň tersine bolup çykdy we onuň gözüni türmede açdylar. Mundan
beýle nähili boljakmyşyn? Gün onuň ýelkesini çoýjakmy? Ýa-da şu ala_garaňkyda kül bolup
gitmelimi? Garaňky da heniz gözi zat saýgarmaýan Berdi Kerbabanyň kameradan göterilýän
agras we ajymtyk ys ýüregini bulap, beýnisini çalkady. Garaňkydan ses çykdy: «Gel-de geçiber,
öwrenşersiň!». Berdi Kerbaba toweregine garady, reňkleri öçük, ýüzleri soluk, aç adamlar kem
kemden jana gelip, onuň töweregine egrildi. Her haýsy özüne we göwnüne görä sorady: «Inim,
sen nähilelik bilen düşdüň?», «Hany, barlyşyk diýilýäni dogrumy?». «Hökümetiň amnistiýa
gürrüňi nähili?», «Uruş nirä ýetdi?-... Bu soraglar Berdi Kerbabany geňendirse, olaryň keşbi
muny gorkuzdy. Özüniň hem şolara meňzejegi ýadyna düşende, hopukdy, der basdy.
«Dumuş nähili elhenç! Adamlar durmuşyň gara laýyna batyp ýatyr. Ýeňi ýoluk, syrty açyk käbiri
şu ýagdaýda-da şahandazlyk edýär. Berdi Kerbaba bu durmuşa tiz öwrenşidi, tanyşdy, içini
döküşdi. Ol nähili agyr ýüküň astyna düşen-de bolsa, şondan sypmagyň çäresini agtardy.
Gijelerine kirpikli gözüni çalşyrman oýa ýatdy. Her gijeki oý-pikiri küti bir kitap bolup biljekdi.
Ertir ýa birigün sorag başlanar. Ýok we bar zatlar, hatda göwnüňe gelmedik zatlar soralar. Sen
olaryň haýsyna nähiln jogap berjek. Berdi Kerbaba üçin onuň Eziz Çapygyň toparynda tutulany
howp döradýärdi. Eziz Çapgy hökümete, iňlislere garşy asyl jemgyýete garşy diýip
aýyplamalydylar. Berdi Kerbaba üçin şu abanýan töhmetden gutulmak zerurdy. Elbetde, Berdi
Kerbabanyň ýanynda Eziz Çapyk tarapyndan tassyklanyp berlen hiç hili dokument ýa-da
ýazuwly kagyzy ýok. Asyl ol Eziz Çapygyň depderinde-de öz adyny ýazdyrmandy. Emma Berdi
Kerbabanyň Eziz Çapygyň ýanynda ýörmegi, bile tutulmagy, üstesine-de hut şunuň ýanyndan
pul Eziz Çapygyňky» diýse onda diýmek bu-da Eziz Çapygyň adamsy bolup çykýar. Eger şu pul
15
Nikolaý pulundan 100.000 manat puluň çykmagyny näme bilen aklarsyň? Eger ol «Adamlar, şu
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
özüniňki diýseler, onda munça puly nireden düşürdiň diýjekler. Tersine, Eziz Çapyk sorag
wagtynda «Şol pula meňki» diýse, onda sözümiz çapraz düşmezmi? Berdi Kerbaba her gije şu
pikirleriň agrasynda urnup-urnup, ahyrda usurgap uka gidýärdi. Ertir ýene şol pikirler
başlanýardy.
Berdi Kerbaba kamerada otursa-da, bir gulagy daşarda boldy. Ol eýýäm nobatçy we gözegçiler
bilen hamşamlyk açdy. Dürli ýol we dürli adamlaryň üsti bilen gelen habara görä, Hally Şamyrat
eýýäm kapitan Sysýewiň üsti bilen Baýramalyda harby ştabda ýören Oraz Dykma şol jaýdan
telegramma urgradyp, heniz üç gün ötmänkä Aşgabat türmesinden çykyp gidipdir! «Namartja
olam, sagja olam» diýeleri şumuka?
Eziz Çapygy bolsa harby suduň sülçüsi eýýäm soraga çagyryp başlapdyr. Şuny gutarandan soň
sülçi tejene gidip hamana Eziz Çapyk bilen gatnaşykly adamlaryň ählisinden sorag etmekçimişin.
Türmeden çykan bilen çykyp, gelen bilen içerik ilişip girýän habarlar örän kändi. Aýdyşlaryna
görä, sülçi bilen Eziz Çapygyň arasynda gorkuly bir hallar hem döränmişin. Şaýatlar bilen
ýüzleşdirilende iki aralykda ok hem atyşylanmyşyn. Berdi Kerbabanyň gulagyna ilen habarlara
görä, sülçi şu Eziz Çapygyň türmede däl, sorag mahalynda özüni alyp baryşyna örän geň
galanmyşyn. Ol aýdanmyşyn: «Eziz Çapyk—bu nähili täsin gylykly bir adam! Ýok, men beýle
adama heniz duş gelmedim. Şaýatlary kemsitmek, iňlis hökümetiniň özüni zatdan gaýtmazlyk,
hatda sülçiniň alnynda uly bir döwletiň adamsy bilen ölüşgjek bolup durmak, bular tussagyň hiç
etjek işleri däl. Ölüm onuň üstüne abanyp durýar, emma ol özüni ýitirmek däl, asyl sarsanogam.
Ol şonça adamynyň ganyny ýere döküpdir, şonda-da ol özüni bir adama gol götermedik bir adam
edip görkezip bilýär. A-how, şeýle bir adamynyň, dogrusyny aýtsak, han bolmaga-da, şa
bolmaga-da haky bar. Henizem ol sowatsyz bir adam bolup çykaýypdyr. Eger ylymly dagy
bolanlygynda, onda, hudaý saklasyn, bu-da bir Nakolaý ýaly bir närse bolup dörejek ekeni!».
Berdi Kerbaba üçin Eziz Çapygyň ak we gara tarapyny seljermek üçin molla gerek däldi. Ulug
baý we Kerbaba şu Eziz Çapyk diýlýän adamyny mundan palança ýyl ozaldan bäri tanaýardy.
1916-njy ýyldaky päle/bigari/ bilen bagly topalaňly wakada Eziz Çapyk Tejende has hem
tanaldy, Eziz Çapyk bu gün türmede oturan bolsa; mundan sanly wagt ozal Kerbabanyň
hojalygyny we mülküni talamaly diýip ýaşyrn görkezme beren adamdy. Sähel ady çykyp
ugrandan soň gözi gyzaryp... eýýäm Ulug baýyň gumdaky sürüli goýunlaryna agyz urmaga hyýal
edipdi. Ulug baýyň Tejendäki Momma Täçnazarow ýaly wolostnoý/ygtyýarly/ inisini hasap
etmän, onuň bilen itiňkini iki kesişipdi. Hatda şol 1916-njy ýylyň gozgalaňy mahalyndan-da ozal
bu ikisi jetdi. Jedit bahanasy bilen Tejendäki abraýly bir ahunyň öýüni-öwzaryny talaňa berip,
ýurdunýa ýel öwüsdirpdi. Asyl şu Berdi Kerbabanyň özüni Buharadaky Mir Arap medresesinden
gaýdyp Tejene gelende oňa sataşyp: «Sen, jedit mollasy, dur bakaly!», diýip hemle urupdy. Asyl
Çapyk tirýek edýäň diýip Horaz bagşyny Tejende asdyrypdy, aýdyşlaryna görä Maryda Garagöz
16
Eziz Çapygyň ýagşy we wagşy taraplaryny Berdi Kerbaba-da biri bilse, şonçarak bilýärdi. Eziz
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
işany ýoklamakda, Aga däli Hanja ogluny ata süýretmekde Eziz Çapygyň eli bolanmyşyn.
Saragtdaky patyşa pristawy/kethuda/ Meňli hany onuň ogullary Baba hany we Baky hany ýok
etmekde-de Eziz Çapyk gatnaşanmyşyn. Eziziň üstüne häzirki atylýan günä bolsa has çökder
bolup, ondan oldürilen 67 adamynyň webaly soralýarmyşyn.
Elbetde Tejende hanlyk ýoluna düşen Eziz Çapygyň bilip we bilmän eden harapçylygy az
bolmandy. Şu zatlar ýadyna düşende Berdi Kerbaba Eziz Çapygyň tarapyny çalmak ýa-da ýüzüni
ýuwmak däl, ony itden beter ýigrendi. Ol soň şu hili ýazypdy: «Eziz Çapygyň Türkmen halkyna
eden aladasy hälki bir göz boýamak üçindi. Ol örän zalymdy, ganhor bir sadistdi. Adam
öldürtmek onuň üçin hiç zatdy, dogrusy gyzykly bir tomaşady. Ol hiç zatdan dönmejek garakça
örän çalymdaşdy. Hatda ol Tejende garyp biçäreleriň aýagynyň astyndaky köneje namazlygna
çenli tartyp almakdan uýalmandy». Bu hili agdar-düňder bir zamanlar Türkmen içinde beýle
adamlar az döremedi. B. Kerbaba ýene şulary ýazdy: «Diňe Eziz Çapyk däl, Jüneýit han, Tagan
kör, Ýagşygeldi beg ýene-de onlarça adamlar Türkmen halkynyň satlyk bir adamyna öwrüldiler.
Awam/sada/ halk bolsa olary halkyň edermen adamlary diýip düşündi». Özi aslynda ýagşy
düşünip ýazypmy, ýogsa syýasat ýazdyrypmy, garaz, Berdi Kerbaba şol hili ýazgylary ýeterlik
galdyrypdyr. Ýöne taryhyň böküşleri we oňi aldyrmaz akymlary aýrtyn adamlary däl, waka we
hadysalary däl, eýsem tutuş bir halkyň özüni-de garaz üýtgedip ýa-da dönderip bilýär. Düýn
gözünde oky bolsa urjak bolup duraýa Eziz Çapyk 1918-nji ýylyň ýanwarynda Uluglar topary
bilen barha gatyşyp başlady. 1918-nji ýylyň ýanwarynda Tejende şu Eziz Çapygyň ştaby durýan
saraýda Mommy Täçnazar we ýene-de Eziz Çapygyň adamlary jem bolup oturypdylar. Şonda
gapyllykda Tejen Sowetiniň/şura/ bölek otrýady saraýy gelip gabap, zalp bilen, ol ýere ok
urupdy, adamlar ot astynda galpdyr. Öňünden duýgak/duýdurlan/ edilen Eziz Çapyk ölümden
gutulypdyr. Emma Momma Täçnazar şol saraýda ok degip ýarlanypdyr, keselhana eltilenine
garaman, şol okda jan beripdir. Tejen Soweti şu hereleti etmek bilen, Eziz Çapykdan dynmak
isläpdir, emma ol Ulug baýy bütin topary bilen özüniň ýagysyna aýlandyrdy. Eziz Çapyk bolsa bu
wakany özüçe peýdalandy we Sowetden ürken, belki, öýkelän Ulug baýlar toparyny özüne baka
tartyp aldy: «Ulug baý, hatyrjem bol, Mommy Täçnazaryň ganyny ýerde galdyryp bomaz». Eziz
Çapyk bilen Ulug baýlar arasyndaky şu gamyş köpri soň ulalyp, şaýola aýlanydar. Eziz Çapyk
ömrüniň soňky günlerinde Uluglar bilen bütin birikdi. Annamyrat Saryýew potra şeýle maglumat
galdadrypdyr: «Eziz han öz ömrüniň soňky günlerinde Tejeniň uly baýlarynyň, hususan-da
amaşalaryň täsiri bir urugy bolan Ulularyň (Ulug baýyň toparynyň. T. N.) aýdanlaryny amal edip
gezdi. Ol öz hereketleri bilen şolaryň elindäki ýönekeý bir gurala öwrüldi. Dürdi faktlaryň
logikasyna görä, Ulug baýyň we Kerbabanyň Tejen wakalaryna, hatda Eziz Çapyga täsiri
bolupdyr. Eziz Çapygyň şol taryhy pursatda dört sany geňeşçisiniň biri we agyzlysy şu Ulug baý
işlerinede gatyşypdy, ýöne tire kethudas bolup galan Ulug baý Tejen we Türküstan wakalaryna
17
Täçnazardy. Çarwa baýy Ulug baý Eziz Çapygyň ştaby bilen Tejenden Mara hem gidipdi, syýasat
Türkmeni Öwreniş Merkez
Berdi Kerbaba we Eziz han
çuň düşüsmekden ejiýedi. Bir fakt weli bellidi, Tejendäki Ak alaň ştaby 1919-njy ýylyň başyndan
başlap Tejen we daşary dünýä wakalaryna düşünmek we çözmek üçin köp gezek kethudalary
üýşürip çaşyrdy. Taryhy ýagdaýlaryyň özi bulaşyk we çylşyrymly bolany üçin Ak alaň aýdaly
Aşgabatdaky ak hökümete nähili garamaly, Owganystan bilen nähili gatnaşmaly, Oraz Dykma
bilen
neneňsi
bolmaly,
Angliýa
hökümetine
ynanmalymy,
Buhara
döwletine
gulak
gabartmalymy, Türkiýe döwletine söýenip boljakmy, şu uly döwtleriň arasynda germesatan
bolup galdy, uly otlaryň arasynda galyp, bişip, utrady. Ahyr da bolsa Ak alaň ştaby umumylykda,
garaz, Tejen hanlygy belki Teke hanlygynyň hatyrasyna Sowetler bilen birikmekligi müwessa
bilipdir.
Tejeidaki Ak alaň ştabynyň ahyrda Sowetler bilen birikmek ideýasy, daşary çykyp, Aşgabada
aralaşypdy. Şonuň netijesi bolsa Eziz Çapygyň, Hally Şamradyň, Baýmyrat Mämmetweliniň we
Berdi Kerbabanyň ahyrda gelip Aşgabat türmesine taşlanmagyna sebäp boldy. Berdi Kerbaba öz
kamerasynda oturyp, uzak gijeler pikir edýän mahalynda özüniň Tejenden Daşkende, Sowetlare
ýazan hatlarynyň ele düşüp-düşmänliginden howatyrlanýardy. Eger Berdi Kerbabanyň ýazan şol
hatlarynyň biri general Mallesonyň eline düşen bolsa, Berdi Kerbabany daga äkidip ýa-da gumda
alaňlaryň arasynda edil it atan ýaly edip atmak üçin ýeterlik boljakdy...
Kameranyyň gapysy şakyrdy bilen açyldy, Berdi Kerbabanyň soraga çagyrylýany mälim edildi.
18

Benzer belgeler

Türkmeni Öwreniş Merkez Gökdepe t

Türkmeni Öwreniş Merkez Gökdepe t agtygy Berdimyrat handan Gara batyrdan başga şol ýerde Gurbanmyrat han, Rahymberdi han we Magtym han bolupdyr. Olar ahyra çenli söweşmegi karar edipdirler. Nurberdi hanyň özi-de alty müň atlysy we ...

Detaylı

Eziz han hakda hakykat

Eziz han hakda hakykat edebiýat, kinematograf şu wagta çenli ony «talaňçy», «galtaman», «basmaçy», «milletçi», gepiň gysgasy, Sowet häkimiýetiniň, diýmek, öz halkynyňam ganym duşmany hökmünde görkezip geldi. Şular ýaly m...

Detaylı

Gökdepe Tragedi1

Gökdepe Tragedi1 bellenýär. Ol şeýle-de Peterburga, mejlise wekil bolup hem gatnaşypdyr. Nurberdi hanyñ M.Ýüsüp handan bolan ogly Garry han-da ilçi bolup rus patyşasynyñ ýanyna barypdyr.

Detaylı