2015-2016 İYLLAR ARALYGYNDA TÜRKMENISTANDA

Transkript

2015-2016 İYLLAR ARALYGYNDA TÜRKMENISTANDA
TOEFL
2016-2017 ÝYLLAR ARALYGYNDA TÜRKMENISTANDA TESTLERIŇ GEÇIŞ
SENELERI
TOEFL (TEST OF ENGLISH AS A SECOND LANGUAGE)
Şu aşakdaky saýtda kredit karta boýunça onlaýn bellige alyş mümkindir:
www.ets.org/toefl
Testiň tölegi: $170
Testleriň senesi
Poçta boýunça
bellige alyş
möhleti
Onlaýn bellige
alyşyň möhleti
15-nji oktýabr,
2016
29-nji awgust,
2016
16-nji sentýabr,
2016
12-nji noýabr,
2016
26-nji sentýabr,
2016
14-nji oktýabr,
2016
07-nji ýanwar,
2017
14-nji noýabr,
2016
02-nji dekabr,
2016
01-nji aprel, 2017
13-nji fewral,
2017
03-nji mart, 2017
TOEFL (Test of English as a Foreign Language, daşary yurt dili hökmünde iňlis dili
biliminiň testi) iňlis dili boýunça iň bir giňden yayran testleriň biri bolup durýar, ol
9000-den gowrak kollejlerde, Awstraliýa, Kanada, Beýik Britaniýa hem-de ABŞ ýaly
130-dan gowrak ýurtlaryň uniwersitetlerinde we okuw guramalarynda kabul edilen.
Siz nirede okamaga isleg bildirseňiz-de, TOEFL size şol ýere okuwa ýerleşmäge
kömek eder.
TOEFL testiniň dowamlylygy 2 sagat 25 minut. Synag indiki bölümlerden ybarat:
Audirlemek
50 sorag
35 min
Grammatika
40 sorag
25 min
Okaýyş
50 sorag
55 min
Esse
1 sorag
30 min
TOEFL synagyny tabşyrmak üçin nähili bellige alynýar?
http://www.ets.org/toefl/pbt/about saýtyna girmeli
Soňra testi tabşyrmak üçin bellige alyş müminçiligini berýän sahypa açylar
REGISTER FOR THE TEST
Indiki sahypada hem REGISTER saylamaly
SELECT A TEST CENTER sahypasynda Aşgabat şäherindäki P540 belgili test
merkezi “Türkmenistan” saýlamaly
Soňra anketany doldurmaly (ýagny F.A.A.a., salgy, poçta indeksi we ş.m.)
Kredit kartyň kömegi bilen tölemek*.
*Amerikan Geňeşi ýa-da Okuw maslahat merkezi TOEFL synagyna hasaba durmak
üçin tölegi amala aşyrmaýar. Siziň ýerli ýa-da halkara bank hasabyňyz bolmaly.
TOEFL nähili bahalandyrylýar?
TOEFL 310-dan (min) 677 (maks) bal aralygynda bahalandyrylýar.
Başarnyk/Bölüm
Ballar
Audirleme
31-den 68
Grammatika
31-den 68
Okaýyş
31-den 67
Umumy bal
310-dan 677
TWE (Ýazuw) – bu esse (düzme) ýazmak, bu bölümde ballar TOEFL-dan
aýratynlykda, 1-den 6 bal aralygyndaky şkala boýunça sanalýar.
TOEFL-iň bahasy näçe?
TOEFL-iň (PBT) (kagyz görnüşiniň) bahasy $170.
Giçki hasaba durmak ýok.
TOEFL-iň netijelerini nädip ibermeli?
Özüňiziň TOEFL netijeleriňizi uniwersitetlere we kollejlere mugt ibermek
mümkinçiliginden peýdalanmak üçin siziň öz ýanyňyz bilen tesirlemä getirýän giriş
petegiňiziň (Admission Ticket) yzky tarapynda olaryň kodlaryny görkezmeli.
Uniwersitetleriň/kollejleriň 4 sanysyny mugtuna ýazmak rugsat edilýär.
Her bir amerikan okuw guramasynyň, şu web-saýtda aňsatlyk bilen tapyp bolýan,
öz kody bar (faýly PDF formatda ýükläň ýa-da EAC koordinatorlaryndan haýyş
ediň): http://www.toeflgoanywhere.org/univ0708.pdf
Şeýle hem bolsa, ýazyp görkezilen 4 sany uniwersitetlerden ýa-da kollejlerden
başga goşmaça ABŞ-daky okuw guramalaryna ibermek üçin goşmaça $19 tölegi
tölemek bilen, siz TOEFL netijeleri barada goşmaça hasabatlary buýurup bilersiňiz.
Magistratura we doktorantura programmalary üçin TOEFL testini tabşyrýanlar, şu
ssylka boýunça tapyp bolýan bölümleriň kodlaryny görkezmeli:
https://www.ets.org/s/toefl/pdf/PBT_dept_code_list.pdf
Siz öz TOEFL boýunça netijeleriňizi synag geçirilen gününden takmynan 2 aýyň
dowamynda alarsyňyz. Emma amerikan kollejleri we uniwersitetleri siziň TOEFL
boýunça netijeleriňizi has ir alarlar.
Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116)
E-poçta: [email protected]

Benzer belgeler

SAT (SCHOLASTIC ASSESSMENT TEST) Şu aşakdaky saıtda kredit

SAT (SCHOLASTIC ASSESSMENT TEST) Şu aşakdaky saıtda kredit ACCELS(Görogly 48A, 2-nji gat Aşgabat, Türkmenistan) saýlap alyň. 8. Soňra bank kartanyň (VISA, Master Card we ş.m) kömegi bilen onlaýn tölegini geçirmek arkaly test üçin tölemek zerurdyr. TESTIŇ G...

Detaylı

öňüni alyş sanjymlary maglumat

öňüni alyş sanjymlary maglumat Şeýle hem bolsa, ýazyp görkezilen 4 sany uniwersitetlerden ýa-da kollejlerden başga goşmaça ABŞ-daky okuw guramalaryna ibermek üçin goşmaça $19 tölegi tölemek bilen, siz TOEFL netijeleri barada goş...

Detaylı