D:\New\TIPOGR~1\22007Z~1\2007
Transkript
D:\New\TIPOGR~1\22007Z~1\2007
TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň ylmy-nazaryýet žurnaly Scientific-theoretical journal of Supreme Council on science and technology under the President of Turkmenistan Научно-теоретический журнал Высшего совета по науке и технике при Президенте Туркменистана 2 2007 AŞGABAT • YLYM GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI, HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMMEDOWA “YLMYŇ GAZANANLARYNY ÖNÜMÇILIGE ORNAŞDYRMAK OBA HOJALYK EKINLERINDEN ÝOKARY HASYL ALMAGYŇ GIREWIDIR” ATLY YLMY MASLAHATA GATNAŞYJYLARYŇ MINNETDARLYK HATY Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! “Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň girewidir” atly ylmy maslahatyna gatnaşyjylar bolan biz Mary şäherinde geçirilen Türkmenistanyň taryhy XX Halk Maslahatynda Siziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys. Halkymyzyň Size bolan uly ynamynyň hakykatdan hem ýerine düşendigine geçen gysga wagtyň içinde aýdyň göz ýetirdik. Halk Maslahatynda halkyň göwnünden turýan meseleler barada iňňän möhüm kararlara, çözgütlere gol çekmegiňiz biziň Size bolan ynamymyzy has-da berkitdi. XX Halk Maslahatynda Siziň “Arçynlar hakynda”, “Daýhan birleşikleri hakynda” we “Daýhan hojalygy hakynda” kabul eden kanunlaryňyzy oba hojalygynda geçirýän özgertmeleriňiziň kanunçylyk esaslaryny düzýär. Döwlet dolanyşygynda, halkymyzyň eşretli ýaşaýşynda esasy orunlaryň birini eýeleýän oba hojalygynyň pudaklaryny düýpli özgertmäge şeýle uly üns bermegiňiz, biz alymlaryň öňünde jogapkärli wezipeleri we borçlary goýýar. Şonuň üçin biz oba hojalygyny ylmy esasda dolandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu ylmy maslahata ýygnanyşdyk. Bu Maslahatda çykyş eden alymlaryň, ylmy işgärleriň, pudak ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriň sözlän sözleriniň, pikirleriniň içinden Siziň görkezmeleriňiz eriş-argaç bolup geçýär. Çünki Siziň halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmakda, ýurdumyzyň abadan, asuda, halkymyzyň bolelinlikde ýaşamagyny esasy maksat edinmegiňiziň özi alymlary ylma düýpli çemeleşmeklige bolan belent çagyryşdyr. Siz dünýäde Watan hem adam mertebesini iş ýüzünde has-da beýgeltdiňiz. Hormatly Prezidentimiz! Biziň halkymyzyň agramly bölegi obada ýaşap, ýerden eklenýär. Olaryň, hakykatdan hem, köp halatlarda, ýaşaýyş derejeleri Zeminiň sahylygyna bagly. Biziň bu mukaddes topragymyz bolsa göwnejaý hyzmat edilse, soňa goýman öz barlygyny, hasylyny gaýdyp berýär we rysgally hazynasyny bagş edýär. Şu aýratynlygyň özi hem türkmen daýhanynyň süňňüne siňendir. Siziň bu özboluşlylygy örboýuna galdyryp, döwlet gözegçiligine, öz hemaýatçylygyňyza almagyňyz düýpli özgerişleriň rowaçlanmasynyň kepilnamasyna öwrüldi. Siz Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda oba hojalygyny özgertmekde, bol önüm almakda we ekinleri ösdürip ýetişdirmekde topraga yzygiderli, öz wagtynda, utgaşykly hyzmatlaryň ylmy esasda bolmalydygyny ýene bir gezek jaýdar nygtadyňyz. 3 Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Siziň Marynyň azot we Türkmenabadyň superfosfat zawodlarynda uly täzeleniş işleriniň geçirilýändigini, şu ýyl tutuş sebiti kaliý döküni bilen üpjün edip biljek ýene-de bir uly zawodyň gurluşygyna girişiljekdigini nygtamagyňyz, şeýlelikde, ýurdumyzda dökün bilen baglanyşykly meseleler dolulygyna çözmäge, oba hojalygyny ösdürmäge aýgytly täsir eder. Siziň bu asylly maksatlaryňyzyň çözgütleri bolsa, ylym bilen gös-göni baglanyşykly bolup durýar. Bu gün ylym ozalky endiklere täzeçil nazaryýetde garalmagyny talap edýär. Topragyň we tohumyň gurluşyna, kartogrammalaryň düzülişine, ekin dolanyşygynyň dogry ýola goýluşyna, suwuň, zeý suwlaryň akabalarynyň netijeli bolmagyna, günüň we howanyň ekinleriň kemala gelmegindäki ornuna ygtybarly usullary, açyşlary günübirin önümçilige ornaşdyrylmaly. Nesip bolsa, alymlar bu wezipäniň hötdesinden gelerler. Sebäbi şu günki ylmy maslahatda orta atylan pikirler, teklipler, salgy berilýän çäreler ozal bar bolup, önümçilige ornaşdyrylman ýa-da kem-käsleýin ornaşdyrylan işleriň öwezini dolmaga niýetlenen ylmy işler Siziň ylym jemgyýetçiliginiň öňünde goýan wezipeleriňiziň amala aşyrylmagyna mynasyp goşant boljakdygyna kepil geçýär. Hormatly Prezidentimiz! Oba hojalygyndaky özgertmeler ylym, bilim ulgamyny kämilleşdirmek, halkyň durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak we olaryň ýaşaýyş şertlerini üzül-kesil ýokary götermäge gönükdirilen çäreleriňiz bilen utgaşyp, Türkmenistanda ruhy galkynyşyň täze ýokary göterilişlerini döretdi. Şu günki Türkmenistanyň Prezidentiniň yanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeş bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi tarapyndan geçirilen maslahat hem oba hojalygy bilen bagly Siziň öňde goýan belent wezipeleriňizi çözmeklige hem-de ylmyň tutýan ornuny kesgitlemeklige bagyşlandy. Bu maksadyň oňyn netije berjekdigine Sizi ynandyrmaga rugsat ediň! Goý, dünýä dursun, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan dursun! Goý, agzybir türkmen halkymyza Siziň baştutanlygyňyzda elmydama üstünlikler hemra bolsun! Goý, türkmen halkynyň milli, ruhy ýörelgeleri dowamat dowam bolsun! Sizi çuňňur hormatlamak bilen, “Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň girewidir” atly ylmy maslahata gatnaşyjylar. Aşgabat şäheri, 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-si. 4 TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN №2 2007 G.Berdimuhammedow ADAMLARYŇ BAŞ SAGLYGY TÜRKMENIŇ ALTYN ASYRYNYŇ BINÝADYDYR Türkmeniň Altyn asyrynyň Baş Taglymaty bolan Mukaddes Ruhnamany özleriniň ruhy şamçyragy edinen saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynyň işgärleri öz halkynyň saglygy barada hemişe alada eden Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň ynsanperwer “Saglyk” Döwlet maksatnamasy bilen galkynyp, döwletimiziň saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynda zähmetsöýer halkymyzyň saglygyny berkitmäge, keselleriň öňüni almaga, anyklamaga we bejermäge gönükdirilen düýpli hem-de giň möçberli özgertmeleri amala aşyrýarlar. 1995-nji ýylyň Gorkut aýynyň 21-ine kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasy ilatyň jan saglygy baradaky aladany döwlet syýasaty derejesine göterdi. Bu resminamada ýurdumyzda saglygy goraýşy ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak boýunça esasy ugurlar kesgitlenildi. Saglygy goraýyş pudagymyzda şeýle uly özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ilkinji nobatda şol özgertmelere giň ýol açjak kanunçylyk binýady pugtalandyrdyk. Şeýlelikde, maksatnamanyň çäklerinde “Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” hemde “Melhemçilik we derman üpjünçiligi hakynda”, “Iýmit önümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”, “Adamyň immunýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokuşmasynyň) öňüni almak hakynda”, “Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň kepillikleri hakynda”, “Neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanyşygyna garşy göreş çäreleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary, “Çilim çekmegi, nas atmagy gadagan etmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany, “Garaşsyz Türkmenistanyň Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany, “Duzy ýodlamak we uny demir bilen rençlendirmek barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary, “Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlylandyrmagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmekligiň esasy wezipeleri diýlip: • sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek hem-de ösdürmek, sagdyn adamlaryň saglygyny berkitmek; • keselçiligiň öňüni almaklyga gönükdirilen milli meýilnamalary durmuşa geçirmek; • ilkinji lukmançylyk kömegini, maşgala lukmançylygyny hem-de maşgala saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek; 5 • ilaty mugt saglygy goraýyş hyzmatlarynyň döwlet tarapyndan kepillendirilen möçberi bilen üpjün etmek; • saglyk ätiýaçlandyrmasyny kämilleşdirmek; • ýurtda Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň abadançylygyny üpjün etmeklik we daşky gurşawyň gigiýenasyny goramak; • kesel bejeriş we şypahana edaralaryny kämilleşdirmek; • saglygy goraýşy maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek we onuň dürli görnüşlerini ösdürmek, hususy saglygy goraýşyň ösmegine ýardam bermek; • ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak; • saglygy goraýyş ylmyny hem-de amaly işlerini özara utgaşdyrmak, hünärmenleriň taýýarlanyş derejesini kämilleşdirmek; • saglygy goraýşyň guramaçylygyny we dolandyrylyşyny kämilleşdirmek; • saglygy goraýşyň kanunçylyk binýatlaryny berkitmek kesgitlendi. Bu wezipeleri amala aşyrmakda ilkinji tapgyrda (1995–1997-nji ýyllar) ýurdumyzda maşgala lukmançylygy ornaşdyryldy, raýatlaryň döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasy girizildi we hassahana orunlaryny rejeli peýdalanylmak boýunça çäreler görüldi. Ikinji tapgyrda (1998–2000-nji ýyllar) saglygy goraýyş edaralarynyň täze, kämil, döwrebap dünýä derejesindäki görnüşleri döretmäge girişdik, Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny ösdürmekligiň döwlet Gaznasy döredildi, şypahana we medisina-durmuş edaralary pudagymyzyň düzümine girizildi, ýurdumyzyň derman senagatyny mundan beýläk-de ösdürilmek üçin saglygy goraýşyň çeşmelerini giňeltmek bellendi. Üçünji tapgyrda (2001–2004-nji ýyllar) “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi esasynda saglygy goraýyş hyzmatlarynyň hilini we netijeliligini has-da ýokarlandyrylmak başartdy, saglygy goraýyş ulgamyndaky işleriň baş wezipesi keselleri bejermekden olaryň öňüni almaklyga gönükdirdik. Dördünji tapgyrda (2005–2010-njy ýyllar) saglyk ätiýaçlandyrmasynyň ähliumumy hökmany görnüşine geçilmegi, saglygy goraýyşda ykdysady usullaryň giňden ornaşdyrylmagy, keselleriň öňüni alyş çäreleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy we saglygy goraýyş ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli ösmegi özümize baş wezipe edip belledik. Ilatyň arasynda keselçiligiň öňüni almak üçin adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, ýagny kadaly iýmitlenmegi, zyýanly endiklerden daşda durmagy, zähmet bilen dynç alşy sazlaşykly alyp barmagy, ruhy taýdan sagdynlygy, arassa howada işjeň hereket etmegi we sport görnüşleri bilen meşgullanmagy zerurdyr. Bu mesele boýunça hem adamlaryň düşünjesini artdyrmak başartdy. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda “Serdaryň saglyk ýollary” gurlup, ulanmaga berildi. Adam ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagyň saglyga oňaýly täsir edýändigini nazarda tutup açylan “Saglyk ýollarynyň” saglygy berkitmekde bimöçber gadyr-gymmatynyň bardygyna halkymyz aýdyň göz ýetirdi. Saglygy goraýşy maliýeleşdirmegi kämilleşdirmek, lukmançylyk hyzmatlarynyň bazaryny ösdürmek niýeti bilen 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny ösdürmegiň Döwlet gaznasy döredildi. Gaznanyň girdejesiniň esasy çeşmesi meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmanyň tölegleri bolup, ol gaznanyň umumy girdejisiniň 80–90%-e çenlisini 6 tutup, galany hojalyk hasaplaşygyndaky we büjet edaralarynda amala aşyrylýan tölegli hyzmatlardan gelen girdejiler, derman serişdelerini we saglygy goraýyş hajatly enjamlaryny bellige almakdan, rugsatnama üçin tölegler, edaralaryň amala aşyrylan töleg gaznasy, jerime tölegleri we iýmit önümlerini güwanamalaşdyryş işlerinden gelen girdejilerdir. Saglygy goraýyş edaralaryň tölegli hyzmatlaryndan Türkmenistanyň Saglygy goraýşyny ösdürmegiň Döwlet gaznasyna geçirilýän serişdeler döwlet tarapyndan mugt bejergisi kepillendirilen raýatlara ýatymlaýyn bejergi üçin derman serişdelerini we saglygy goraýyş ähmiýetli serişdeleri satyn almaga gönükdirilýär. Ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, saglygy goraýyş edaralarynyň maddy-tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin 50-den gowrak döwlet bilen şertnamalar baglaşylyp, häzirki wagta çenli 1100 görnüşli derman we derman serişdeleri gelip gowuşdy. 1999-njy ýylda ýurdumyzda bitýän derman otlaryny öwrenmek üçün hem-de derman senagat birleşigini çig mal bilen üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Milli derman serişdeleri instituty döredildi. Ýurdumyzyň halkyny we bejeriş edaralaryny derman serişdeleri bilen doly derejede üpjün etmek işine hemişe iň wajyp mesele hökmünde garalýar. Bu meseläni çözmek maksady bilen häzirki “Türkmendermansenagat” birleşigi döredildi. Birleşigiň düzüminde S.A.Nyýazow adyndaky “Buýan” obasenagat toplumy, “Saglyk” derman kärhanasy, Bilelikdäki “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” türkmen-hindi kärhanasy we “Tenekär” derman kärhanasy işleýär. Özümizde öndürilýän derman serişdeleriniň görnüşini artdyrmak, önümçiligiň göwrümini giňeltmek, ýerli çig mallardan täze dermanlary almak üçin alnyp barylýan ylmy işleri ösdürmek, ösümliklerden we jandarlardan dermanlyk çig mallary öndürmek – birleşigiň esasy maksadydyr. “Türkmendermansenagat” birleşigiň kärhanalarynda hili, howpsuzlygy we täsirliligi taýdan dünýä derejesindäki talaplara gabat gelýän dürli dermanlaryň 180-e golaýynyň önümçiligi ýola goýuldy. Halkymyzyň öz saglyk ýagdaýlaryny häzirkizaman dünýä derejesinde, täze usullarda bejerder ýaly şertler hem döredildi. Munuň üçin Aşgabatda we welaýat merkezlerinde iň döwrebap anyklaýyş we bejeriş merkezleri gurlup ulanmaga berildi. Dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirkizaman enjamlar bilen abzallaşdyrylan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Halkara saglyk Merkezleri müdiriýetiniň S.A.Nyýazow adyndaky Halkara medisina merkezi, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky iç keseller merkezi, Saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi we “Ene mähri” merkezi özleriniň işlerini doly derejede tölegli hyzmatlar esasynda amala aşyrmak bilen, raýatlara saglygy goraýyş hyzmatlaryny has ýokary derejede berýär. Häzirki wagtda gurluşygy dowam edýän täze Onkologiýa merkezi, Kelle we boýun agzalary kesellerini bejerýän merkez ýakyn ýyllarda halkymyza hyzmat edip başlar. Şeýle hem Aşgabatda Lukmançylyk uniwersiteti gurlar. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda özüniň işini tölegli hyzmatlar esasynda amala aşyrýan, dünýä derejesindäki enjamlar bilen abzallaşdyrylan Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz, Mary, Balkan, Lebap saglygy goraýyş anyklaýyş merkezleri ilatyň saglygyny goramakda, keseliň öňüni almakda we olary öz 7 wagtynda anyklamakda uly ýardam berýän anyk mysallaryň biridir. Şeýle hem welaýatlarda “Ene mähri” merkezleri ýakyn wagtlarda gurlar. Ýurdumyzda şypahana hyzmatynyň hilini hem dünýä derejesine ýetirmek üçin çäreler belledik, şypahanalaryň işleriniň lukmançylyk we ykdysady netijeliligini ýokarlandyryldy. Hünärmenler tarapyndan ýurdumyzyň şypaberiji çeşmeleriniň mümkinçilikleri öwrenilýär. “Arçman” we “Mollagara” şypahanalarynyň durkuny täzeläp, bejeriş binalaryny gurduk. Munuň özi müňlerçe adamlara keselleriň öňüni almaga we keselden soňky döwürde saglyklaryny dikeltmäge ýardam berdi. Saglygy goraýşyň ösmegi üçin zerur şertleriň biri-de lukmançylyk ylmynyň ösmegi bolup durýar. Ynsan saglygy üçin gyzyldan gymmatly çeşmeleri öz içine alýan, atababalarymyzyň mukaddes mirasyny: Abu Aly ibn Sinanyň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly 6 kitapdan ybarat 5 tomly ýygyndysyny, Seýit Ysmaýyl Gürgenliniň “Tebipçiligiň ýan kitaby”, Muhammet Gaýmaz Türkmeniň “Pygamber tebipçiligi” we ençeme bize belli bolmadyk taryhy şahslarymyzyň tebipçilik mirasyny türkmen dilinde neşir edip, halkymyza ýetirdik. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň netijeli çözgütlerini ylmy taýdan döwrebap beýan etmek we hünärmenlere giňden düşündirmek maksady bilen “Türkmenistanyň lukmançylygy” žurnaly döredildi. Özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe halkymyza dünýäniň ösen derejesinde ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin häzirkizaman anyklaýyş we bejeriş merkezlerinde işleýän ýokary derejede kämil lukmanlary taýýarlamak işine-de uly üns berildi. Şeýle maksat bilen ýurdumyzyň lukmanlarynyň ençemesi dünýäniň lukmançylyk taýdan ösen ýurtlarynda (Germaniýa, ABŞ, Ýaponiýa we başg.) iş we okuw saparlarynda bolup hünärlerini kämilleşdirdiler. Ýurdumyzda ýokary we orta lukmançylyk hünärmenlerini taýýarlamak we olaryň kämillik derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen, TDLI-niň we orta lukmançylyk mekdepleriniň okuw meýilnamalaryna lukmançylyk ylmynyň gazananlaryny girizýäris. Şeýlelikde, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi netijesinde uly üstünliklere ýetmegi başardyk. 1995-nji we 2006-njy ýyllar aralygynda ilatyň umumy keselçiligi seljerilende ilkinji kesel kesgitlemesi her 100 müň adama 35738,9-dan 23256,8-e çenli, ýagny 35,0% pese düşüpdir. Adamlaryň ortaça ýaşynyň dowamlygy 71-e ýetdi. Keselçilik uly adamlarda 33181,3-den 23571,8-e, ýetginjeklerde 14429,8-den 10260,4-ä, çagalarda 40546,2-den 26845,6-e çenli peseldi. Çaga we eneleriň ölümçiligi her müň diri dogan çagalardaky çaga ölümçiligi 42,2-den 12,1-e çenli, enelerde ol görkeziji her 100 müň dogruma 99,5-den 15,5-e çenli azaldy. Maşgala lukmançylygynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde çagalardyr eneler, aýratyn hem 1 ýaşyna çenli bäbekler uly alada bilen gurşaldy, sanjymlaryň we beýleki öňüni alyş çäreleriniň wagtynda geçirilmegine pugta gözegçilik ýola goýuldy. Maşgala lukmanlary özlerine berkidilen çagalary her üç aýdan bir gezek, ýetginjekleri, önelge ýaşlylary ýylda 2 gezek (her 6 aýdan), uly adamlary ýylda 1 gezek hökmany suratda toplumlaýyn lukmançylyk barlagyndan geçirip, keselçiligiň irgözin alamatlaryny anyklaýarlar. 8 Maşgala lukmanlary bilen üpjünçilik 10 müň ilata 6 lukman bolanlygyndan 2010-njy ýyla çenli 10 lukmana barabar bolar. Ýurdumyzyň ilaty keselleriň öňüni alyş barlaglary bilen gurşalyp alyndy, keselleriň döremegine getirýän sebäplere garşy göreşmekde öňegidişlikler gazanylyp, zenanlarda, ýaş çagalarda ýygy duş gelýän ganazlyga garşy çäreler netijesinde bu keseliň derejesi peseldi. Enäniň we caganyň saglygyny goramaklyga gönükdirilen “Ene süýdi bilen iymitlendirmek”, “Immunologiki öňüni alyş”, “Ganazlyk”, “Howpsuz enelik”, “Çaga kesellerini bitewi alyp barmak” ýaly Milli maksatnamalar enelerde we çagalarda duş gelýän keselleri azaltmaga ýardam berdi. Ýurdumyz boýunça ilatyň peýdalanýan nahar duzunyň 100% ýodlanmaklygy ýola goýlup, ýod ýetmezçiligi bilen baglanyşykly keselçiligiň, çagalaryň boý we akyl taýdan ösüşiniň yza galmagynyň, galkan görnüşli mäziň keselçiliginiň we ýod ýetmezçiliginiň öňi alyndy. Halkara saglygy goraýyş guramalary bilen bilelikde maşgala lukmanlarynyň çagalara we ululara keseliň öňüni alyş sanjymlary baradaky Milli maksatnamalary ýerine ýetirmekliginiň netijesinde ýokanç keseller bilen kesellemeklik azaldy, ysmaz keseli bilen keselçilik ýok edilip, 2002-nji ýylda ýurdumyza ýiti ysmaz keseliniň döredijisi ýabany wirusdan azatdygy hakynda Halkara guramasy tarapyndan güwänama berildi. Ýokanç keselleriň immunologiki öňüni alyş sanjymlarynyň 2003–2020-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy tassyklandy, şol ýyllar aralygynda gyzamyk keseli boýunça durnuklylygy gazanmaklyk, 5 ýaşa çenli çagalaryň arasynda täjihorazyň, gökbogmanyň, hapgyrtmanyň, B wirusly gepatitiň keselçiligini her 100 müň ilata 10-a çenli peseltmek, çagalarda gyzylja örgün keseline gözegçilik geçirmek we onuň dogabitdi görnüşleriniň öňüni almak hem göz öňünde tutulýar. Ýurdumuzda 2002-nji ýylyň Türkmenbaşy aýyndan başlap bäbeklere we 1 ýaşa çenli çagalara B wirusly gepatite garşy sanjym etmek ýola goýuldy. Ilaty ýokary hilli sanjym serişdeleri, waksinalar bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmek Döwletimiz tarapyndan kepillendirilýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy (BSGG) bilen bilelikde “Türkmenistanda gyzzyrma keseliniň öňüni almak boýunça” Milli maksatnamasyny işläp taýýarladyk we muny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tassyklady. Türkmenistan 2015-nji ýyla çenli gyzzyrma keselini ýok etmekde BSGG-niň jarnamasyny kabul etdi. 2000-nji ýylda ýurdumyzyň Drakunkulýoz keselinden azat edilendigi barasyndaky Halkara gьwдnama BSGG tarapyndan gowюuryldy. BSGG tarapyndan hasaba alynýan 46 görnüşli ýokanç keselleriň biziň ýurdumyzda 32 görnüşinden görkezijileriň yzygiderli pese düşmegi bilen, soňky ýyllarda ysmaz, otbaşy, gökbogma, bürme, guduzlama ýaly keseller düýbünden hasaba alynmady. Hörezek, gyzamyk, gyzylja örgün we beýleki keseller seýrek duş gelýär. Inçekesele garşy 1998-nji ýylda DOTC ýörelgesi ornaşdyrylyp, inçekeseliň öňüni almagyň 2005–2009-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy kabul edilip, keselleýjilik ýyl saýyn azalýar. AIDS-iň ýaýramagyna we onuň öňüni almaklyga gönükdirilen çäreler iş ýüzünde amala aşyrylyp, Türkmenistan dünýäniň AIDS-iň ýaýramak töwekgelçiligi 0-a deň bolan az sanly ýurtlarynyň hataryna girýär. Adamyň saglygy baradaky aladalary öz içine alýan kanunlaryň biri-de 2002-nji 9 ýylda kabul edilen “Raýatlaryň saglygyny goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunydyr. Bu Kanuna Türkmenistanyň XVI Halk Maslahatynda üýtgetmeler girizilip, 2006-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 1-den döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyna şertnama baglaşan raýatlaryň töleýän ätiýaçlyk gatanjy 4%-den 2%-e çenli azaldyldy, şeýle hem Saglyk ätiýaçlandyryş pasporty bar bolan raýatlara we olaryň eklenjindäkilere tölegli saglygy goraýyş hyzmatlaryndan berilýän ýeňillikler 30%-den 50%-e çenli ýetirildi. Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaryň işlerini özara utgaşdyryp, ýurdumyzda adamlaryň sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzgün-kadalaryny berjaý etmekde oňaýly şertleri döretmek maksady bilen: 1) lukman hünärmenleri üçin okuw maksatnamalaryna täzeden garalyp, sagdyn adamlaryň saglygyny goramak hem-de berdaşlandyrmak, sagdyn durmuş ýörelgeleri boýunça okuw sapaklarynyň sany we netijeliligi artdyryldy; 2) rejeli iýmitlenmek, azyk önümleriniň düzümi, olaryň ähmiýeti baradaky ilat düşünjeliligi ýokarlandyryldy; 3) mekdebe çenli edaralarda we mekdeplerde çagalaryň ýaş aýratynlyklaryny nazara alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini öwretmek; 4) söwda edaralarynda saglyga zeper ýetirýän harytlara (temmäki önümlerine, şeraply içgilere) goşmaça salgytlar girizildi; 5) köçe-ýol hereketinde saglyga täsirli kadalary (köçe-çatryk – geçelge hereketleri, ýol çyzyklaryny goýmak we başg.) ýola goýuldy; 6) zähmet howpsuzlygynyň berjaý edilmegi; 7) zähmet hünärmen zäherleriniň ýüze çykmazlygy gazanylyp, hünärmen keselçiliginiň doly öňi alyndy; 8) atmosfera howasynyň arassalygyny gorap saklamak babatdaky geçirilen çäreler, ýagny iri zawod-fabrik howany hapalaýjy çeşmeler ilatly zolaklardan çetleşdirilip göçürildi (Abadan sement zawody), täzeden guraldy (tekstil toplumlary, Ruhubelent gök önümi gaýtadan işleýän toplum we başg.); 9) ýaşaýyş jaýlarynda, zähmet zolaklarynda, sport-oýun meýdançalarynda, dynç alyş meýdançalarynda saglyga täsirli howplaryň öňüni alyp, ýekeje-de howply ýagdaýlaryň duşmazlygy gazanyldy. Netijede, sagdyn durmuş ýörelgesiniň giň gerimde ähli ilat köpçüligine ornaşdyrylmagy sagdyn adamlaryň beden saglygyny berdaşlandyrmagyna, işe ukyplylygynyň ösmegine we ruhubelentligiň döremegine getirdi. Göz kesellerinde, körlüge we pes görüjilige garşy çäreler hem “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çägindäki baş wezipeleriň biri bolup, ýurdumyzda göz keselçiliginiň ýaýraýyş derejesi anyklanyp, pesgörüjilige hem-de körlüge getirýän keselleriň öňüni almaklygy hem-de bejermek arkaly ikinji öňüni alyş çäreleri ylmy esasda düzülip, häzir oftalmologiýa gullugynyň gaýragoýulmasyz ugurlary diýlip gözüň optiki gatlaklarynyň keselleri, gözüň garasuw keselleri, göz düýbüniň hem-de köküniň keselleri we çagalaryň göz keselleri hasaplanýar. Onkologiýa keselleriniň öňüni almak boýunça welaýat merkezlerinde onkologiýa hassahanalary, etrap-şäher onkologiýa otaglary açylyp, olaryň öňüni alyş wezipeleri takyk bellenip, kämilleşdirilen hünärmenler bilen üpjün edilip, howply täze döremelere garşy göreş alnyp barylýar. Şu döwürde Diýarymyzda ilatyň howply täze döremeler (HTD) bilen keselleýjiligi 43,3% peselip, onkologiki kesellerden ölümçilik 43,6% 10 kemeldi. Bu netijeler onkologiýa ulgamynyň häzirkizaman talaplaryna gabat gelýän, abzallaşdyrylan, has kämil düzümini guramak bilen gazanyldy. Şeýle çäreleriň çäklerinde düýpli ylmy-barlag işleri çuňlaşdyrylyp, saglygy goraýşyň amaly talaplary öňe sürlüp, HTD-leriň öňüni alyş, irgözin anyklaýyş-bejeriş işleri has-da güýçlendiriler. Çagalarda we ýetginjeklerde duşýan keselleriň öňüni almak boýunça bilim bermek taslamalary düzülip, Mukaddes Ruhnamanyň terbiýeçilik baradaky ähli parçalary çuňňur özleşdirilýär. Gurbansoltan eje adyndaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş YKM-inde maşgala nesil saglygyny goraýan merkez döredilip, welaýat, etrap “Nesil otaglary” arkaly çagalary bolmaýan ýaş çatynjalara maslahat hemaýat beriş işleri ýola goýuldy. Saglygy goraýyş işgärleriniň durmuş-hal ýagdaýlaryna-da uly üns berilýär. Olar üçin 50% ýeňillikli nyrhlar bilen has oňaýly, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan özboluşly belent ýaşaýyş jaýlarynyň 4-si gurlup, ulanmaga tabşyryldy. Baky Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň esaslandyran Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda, Mukaddes Ruhnamanyň – ruhy şamçyragymyzyň her bir ynsanyň aňyna ornaýan zamanasynda adamlaryň baş saglygy XXI asyryň – türkmeniň Altyn asyrynyň berk binýady bolar. Kabul edilen wagty 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 11-i G.Berdimuhammedov HEALTHY NATION IS THE BASIS FOR THE GOLDEN AGE OF THE TURKMEN PEOPLE When inspired by the state medical program “Health”, public health officials as well as those engaged in drug production do everything in their power to implement the activities aimed at promoting health of people, taking preventive measures, diagnosing and treatment. The state program “Health” sets priorities of phased health system development as well as home-grown medicine products. One of the most important trends in the health system has always been preventive maintenance. According to statistical data as a result of timely diagnostication common sickness rate decreased from 35 738,9 people in 1995 to 23 556,8 people in 2006, that is one person in a thousand (35%). Due to family doctors service the adult sickness rate among grown-up population, youths, children has been reduced. 32 infectious diseases out of 46 registered by World Health Organization demonstrate a strong tendency to decrease. No one case of poliomyelitis, anthrax, pertussis, tetanus or bate has been registered lately. There have been registered rare cases of diphtheria, measles, rubella, etc. Due to preventive maintenance Turkmenistan is considered a country with a low risk of spreading AIDS. The ophthalmic diseases survey made it possible to take preventive measures against blindness or vision degradation. At present much attention is paid to treatment and prophylaxis of glaucoma, eye grounds pathology as well as children’s eye diseases. 11 There has been a 43,3 percent decrease in the number of cases of cancer. Cancer mortality has fell to 43,6%. These positive changes have been achieved due to modern medical facilities, participation in research and development, timely diagnostication of cancer and preventive maintenance. This work is supposed to be continued. According to Turkmenistan law “On the protection of citizens’ health” all working people and their dependants who have a medical insurance police should be provided with qualified medical service at a 50% discount on all kinds of charged medical service. Large medical centers which meet the world standard requirements and are equipped with modern technique have been put into being lately. Among them there is a Somatic Diseases Center, Medical Diagnostic Center, “Ene Mahri” Clinical Center of Maternity and Child Health and others. The construction of the Oncology Center, the Neurosurgery Center as well as Medical Diagnostic Centers in the welayats will provide great assistance in preventing diseases and their timely diagnosis. One of the most important directions is launching the scientific research investigations on production of medicine using the local raw materials of vegetation and animal origin. Well coordinated Turkmenistan healthcare system is creating favourable conditions for large scale propaganda of healthy way of life, strengthening physical and spiritual health and increasing capacity building of the nation. A significant role is being played by the Paths of Health, new-built stadia, swimming-pools and many others. Popularization of the works of the famous Turkmen physicians, their translation into the Turkmen language and publication (see 5 volumes of Abu Aly Ibn Sina’s “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, Seyit Ysmayyl Gurgen’s “Tebipçiligiň ýan kitaby”, Muhammet Gaýmaz Turkmen’s “Pygamber tebipçiligi” and others) – is the new achievement of the Turkmen medical service and medical science. Moreover, “Türkmenistanyň lukmançylygy” magazine is a certain contribution into the realization of the state “Health” programme nowadays. Г.Бердымухаммедов ЗДОРОВЬЕ НАСЕЛЕНИЯ – ОСНОВА ОСНОВ ЗОЛОТОГО ВЕКА ТУРКМЕН Одной из первых Государственных программ Независимого Туркменистана, разработанной под руководством автора является программа “Здоровье”, успешная реализация которой стала решающим этапом в создании и развитии национальной модели здравоохранения, объединяющей в себе опыт мудрых предков и современных тенденций мирового здравоохранения. Под руководством автора осуществлён также комплекс мероприятий по реализации данной программы, активизирована работа по всем направлениям от профилактики и диагностики болезней до их лечения и укрепления здоровья всего населения. Благодаря этому и в результате принятия мер по раннему диагностированию болезней общая заболеваемость по статистическим данным за период с 1995 по 2006 год снизилась с 35 738, 9 до 23 556, 8 человек на каждые 100 тысяч населения, т.е. на 35%. Этому в немалой степени способствовала активизация службы семейных врачей. В стране из 46 видов зарегистрированных ВОЗ инфекционных болезней 32 вида имеют ст абильную тенденцию к снижению и в последние годы не зарегистрировано ни одного случая заболевания полиомиелитом, сибирской язвой, коклюшем, столбняком, бешенством. Зарегистрированы единичные случаи 12 дифтерии, кори, краснухи. Туркменистан относится к числу стран с наименьшим риском распространения СПИДа. С целью профилактики анемии и йододефицитных заболеваний был обоснован наиболее целесообразный способ – йодирование пищевой соли и обогащение железом муки, производимой в стране. Туркменистан – четвёртая страна в мире и первая в СНГ, которая освоила промышленное производство этих продуктов. Благодаря научно обоснованным мероприятиям по профилактике заболеваний, приводящих к слепоте и к снижению остроты зрения и внедрению новых методов, предложенных отечественными учёными, получены положительные результаты в лечении глаукомы, патологии глазного дна и детских глазных болезней. На 43,3% снизилась заболеваемость раком и на 43,6% уменьшилась смертность от онкологических заболеваний. Это достигнуто благодаря оснащению онкологической службы современным оборудованием, углублению научноисследовательских работ и совершенствованию системы практических мероприятий по профилактике и раннему диагностированию рака. В соответствии с законом Туркменистана “Об охране здоровья граждан” льготы на платные медицинские услуги доведены до 50% для граждан, имеющих медицинский страховой полис, а также для находящихся на их иждивении членов семьи. Достигнутые результаты во многом обусловлены эффективной работой рекомендованых автором и введённых в эксплуатацию крупных медицинских центров, соответствующих мировым стандартам и оснащенных наисовременнейшим оборудованием, таких как Центр внутренних болезней, Лечебно-диагностический центр, Центр здоровья матери и ребёнка “Эне мяхри” и других в Ашхабаде и велаятах. Дальнейшему совершенствованию отечественного здравоохранения будет способствовать строительство Онкологического центра, Центра нейрохирургии, а также лечебно-диагностических центров и центров матери и ребёнка в велаятах. Важнейшим направлением т акже является формирование научных исследований, направленных на производство медикаментов из местного сырья растительного и животного происхождения. С целью изучения и пропаганды научного наследия прославленных туркменских целителей впервые переведены и под редакцией автора изданы на туркменском языке труды Абу Али Ибн Сины “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary”, а при непосредственном руководстве – книга Сейит Исмаила Гургенли “Tebipçiligiň ýan kitaby”, Мухаммет Гаймаз Туркмена “Pygamber tebipçiligi” и др. Практической реализации и широкомасштабной пропаганде здорового образа жизни и способствуют созданный научно-популярный журнал “Türkmenistanyň lukmançylygy”, водно-оздоровительные комплексы и стадионы, “Дорога Здоровья”, введённые в действие за последнее десятилетие. Здоровье нации – это самое главное богатство страны, основа основ его процветания. Реализуемая под руководством автора программа “Здоровье” и в дальнейшем будет одним из главных приоритетов государственной политики. 13 A.Durdyýewa, G.Çaryýewa, G.Ataýewa, H.Gurbanow BEDENIŇ MOLEKULÝAR DARTGYNLYGYNY ÖWRENMEKLIGIŇ AMALY LUKMANÇYLYKDA ÄHMIÝETI Iýmit maddalaryndan energiýa öndürmeklik üçin we zäherli birleşmeleri doly utilizirlemek üçin bedende köpsanly okislenme özgerişmeleri geçýär. Bu hadysalar, belli bir öýjüge ýa-da agza we dokuma mahsus bolman, bedeniň ähli öýjüklerinde we öýjügara giňişliklerde üznüksiz ýagdaýda geçýär. Bedende organiki birleşmeler okislenende, olardan boşaýan elektronlaryň soňky kabul edijisi (akseptory) bolup diňe kislorod çykyş edýär we suwuň emele gelmegi bilen tamamlanýar. Şol kislorodyň çeşmesi, dem alyş bilen atmosferadan bedene düşýän molekulýar kisloroddyr. Molekulýar kislorod özüniň gurluşy we özgerişmelere gatnaşmaklyk ukyby boýunça örän inert maddadyr. Emma molekulýar kislorod bedene düşenden soňra, birnäçe fermentleriň we işjeň birleşmeleriň gatnaşmagynda işjeňleşip, onuň köpsanly ýokary derejede özgerişmä ukyply işjeň görnüşleri emele gelýär. Şol sanda kislorodyň & − ) , wodorodyň perekisi (H O ), gidroksil radikaly (O& H ) , superoksid radikaly (O 2 2 2 singlet kislorody (O2) we başgalary emele gelýär. Bu hadysa adaty geçýän kadaly hadysadyr. Emele gelýän kislorodyň işjeň görnüşleriniň köpüsi durnuksyzdyr. Emma şol önümleriň iň durnuklysy wodorodyň perekisidir [1-4]. Dörän perekis radikal perdejigiň lipid gatlagynyň doýmadyk ýag turşusy bilen täsirleşip, lipid radikalyň döremegine alyp barýar: & + R → H O + R& . HO 2 2 2 Kislorodyň bolmagynda erkin radikal lipidleriň erkin perekis radikalynyň döremegine getirýär: & . R& + O2 → RO 2 Perekis radikal ýag turşularynyň (RH) täze molekulasy bilen täsirleşip, lipidleriň gidroperekisiniň (ROOH) we täzeden lipidleriň erkin radikalyny (R) döredýär. Şeýlelikde, täze-täze zynjyrlar döräp, okislenme hadysa öjügip gidýär. Bu hadysa, esasan-da, doýmadyk, düzüminde birnäçe jübüt baglanyşyklary saklaýan linol, linolen, arahidon ýaly ýag turşulary işjeň gatnaşýar [5]. Bedende erkin radikal okislenme hadysasyny güýçlendirýän birleşmelere prooksidantlar diýilýär. Erkin radikal okislenmäniň geçişine päsgelçilik döredip, ol hadysany ingibirleşdirýän maddalara antioksidantlar diýilýär. Ýaşaýyş ulgamynyň antioksidant birleşmeleri, özüniň häsiýetleri boýunça, iki topara: ýagda ereýän we suwda ereýän antioksidant birleşmelerine bölünýär. Ýagda ereýänlere witaminler E, A, K, ubihinon, sterinler we fosfolipidler degişlidir. Suwda ereýänlere düzüminde kükürt saklaýan birleşmeler (glutation, sistein, sistin, tiol-proteinler we başgalar), witaminler C, B6, PP, biogen aminleri (serotonin we başgalar) degişlidir. 14 (Radikal) R -CH=CH – CH2 (Doýmadyk ýag kislotasynyň zynjyry) RH CH=CH-CHO2 OO -CH=CH – CH – RH R - Zynjyrly täsirleşmäniň ösüşi OOH -CH=CH – CH - O -CH=CH – CH - + OH (Autokataliz) Bulardan başga-da, bedeniň antioksidant ulgamynyň düzümine selen ýaly mikroelement, melanin pigmentleri we antioksidant fermentleri (katalaza peroksidaza, glutationreduktaza, superoksiddismutaza we başgalar) degişlidir [4, 6, 7]. Antioksidant ulgamynyň gatnaşmagynda erkinradikallaryň düzümleri, olaryň täsir ediş merkezleri özgerişdirilýär, erkinradikal okislenmäniň lipidleriň perekis okislenmesine geçmekligine päsgelçilik döredip, zynjyryň üzülmegine alyp barýar. Hadysanyň netijesinde emele gelen zäherli önümler, antioksidant birleşmeleriň täsirinde zähersiz maddalara öwrülip, bedenden çykarylýar. Öýjükde, dokumada we, umuman, bedende erkinradikal okislenme hadysasynyň ýitiligi antioksidant ulgamyň mukdar taýdan kuwwaty bilen belli bir aragatnaşykdadyr. Şol aragatnaşyk hem öýjügiň, dokumanyň we umumy bedeniň antioksidant statusyny kesgitleýär. Şeýlelikde, bir tarapdan, bedeniň okislenme hadysalary we, beýleki tarapdan bolsa, antioksidant ulgamy bedende özboluşly “buffer” ulgamyny düzýär. Şol ulgamyň sygymlylygy hem bedende täsir edýän dürli ekstremal täsirlere bedeniň durnuklylygyny kesgitleýär. Şu birleşmeleriň biri-birine bolan aragatnaşygy hem umumy bedende molekulýar dartgynlygyň ýagdaýyny kesgitleýär we içki stress ýagdaýyň döremekligine alyp barýar [8]. Daşky gurşawyň ekologiki ýagdaýynyň agyrlaşmagy, ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde psihiki-emosional täsirleriň güýçlenmegi we antropogen faktorlaryň täsirinde ýaşaýyş gurşawyň ýokary derejede hapalanmagy, adam bedeniniň molekulýar dartgynlygyny güýçlendirip, içki stresiň döremegine getirmegi mümkindir. Şeýle ýagdaýyň döremeginiň esasy sebäpleriniň biri hem bedeniň antioksidant ulgamynyň kuwwatynyň peselip, öýjükde okislenme hadysalarynyň güýçlenmegidir. Soňra hem onuň erkinradikal okislenmä öwrülip, öýjük perdejikleriniň lipid gatlaklarynyň perekis okislenmesiniň netijesinde öýjügiň zeperlenmegine alyp barmaklygydyr. Lipidleriň perekis okislenmesiniň güýçlenmekligi köp keselleriň 15 patogenezinde hem uly orny eýeleýär. Birnäçe alymlaryň pikirleri boýunça, erkin radikallar ýüzden köpräk dürli keselleriň patogenezine gatnaşýar. Şonuň üçin hem bedeniň umumy antioksidant ulgamynyň ýagdaýyny we lipidleriň perekis okislenmesiniň derejesini häsiýetlendirmek, köp dürli patologiýalaryň döremekliginde, profilaktika çärelerini işläp düzmekde, amaly lukmançylykda wajyp meseleleriň biridir [9]. Lipidleriň perekis okislenmesiniň tizligini öwrenmeklik üçin köpsanly tilsimler işlenip düzülendir. Olardan öýjük perdejiginiň düzümindäki lipidleriň molekulalarynyň gurluşynyň üýtgemekliginiň derejesini kesgitlemek, dokumanyň antiokislitel işjeňligini barlamak, lipidleriň perekis okislenmesiniň ilkinji önüminiň (dien konýugatlary) mukdaryny ýa-da soňky önüminiň (lipidleriň gidropereksiniň we malon dialdegidiň) mukdaryny kesgitlemek ýaly usullary ulanylýar. Lipidleriň perekis okislenmesiniň amatsyz netijesiniň biri bolup, malon aldegidiniň emele gelmegi hasap edilýär. Bu madda, radikallaryň täsir etmeginde, doýmadyk poliýen kislotalaryň üzülmegi bilen emele gelýändir. Malon aldegidi bifunksionaldyr: HC-CH=CH-OH ===== HC- CH2 - CH || || || O O O Ol proteinleriň aminotoparlary bilen birleşip, suwda eremeýän, könelmek pigmentleri ýa-da lipofussinler atly lipoproteid komplekslerini döredýär [5]. Işiň maksady. Bedeniň umumy antioksidant ulgamynyň ýagdaýyny we lipidleriň perekis okislenmesiniň tizligini öwrenmek üçin, hadysanyň soňky önümi bolan, malon dialdegidiň mukdaryny ganyň plazmasynda kesgitlemek bilen geçirmek. Barlaga Mary we Daşoguz welaýatlaryndan gelen, ýaşy 18-27 aralykda, Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň birinji okuw ýylynyň amaly taýdan sagdyn, jemi 45 (15 oglan we 30 gyz) talyby gatnaşdy. Barlagda ulanylan usullar we tilsimler. Malon dialdegidiniň mukdaryny kesgitlemek usuly, birleşmäniň ergininde tiobarbitur turşusy bilen täsirleşende, gyrmyzy reňkli trimetinil toplanmasyny emele getirmeklik ukybyna esaslanandyr. Toplanma, şöhle spektorynyň 530–532 nm uzynlygynda, şöhle tolkunyny maksimal siňdirýändir. Erginiň reňki malon dialdegidiň mukdaryna proporsionaldyr we onuň molýar siňdiriş koeffisiýenti hem 1,56×105 mol/l deňdir. Amaly taýdan malon dialdegidiň mukdaryny ganyň plazmasynda kesgitlemek, şeýle alnyp baryldy. Barlag geçirilýän talybyň ertir irden nahardan öň, damaryndan aseptiki ýagdaýda, gepariniň ergini bilen çaýkalan probirka 2-3 ml gany alyndy. Gan 5 minudyň dowamynda 3000 aýlaw/min tizlik bilen sentifugirleşdirildi. Malon dialdegidiniň mukdary ganyň plazmasynda kesgitlenildi. Probirka 0,3 ml plazma alyndy, üstüne 2,4 ml kükürt turşusynyň (H2SO4) 1/12 N ergini we 0,3 ml fosforlywolfram turşusynyň 10% ergini guýuldy, oňat garyldy we 10 min geçenden soňra 3000 aýlaw/minutda tizlik bilen 10 minudyň dowamynda sentrifugirläp, çökündi alyndy. Sentrifugat bolsa taşlanyldy. Çökündi her gezek 1 ml suw bilen iki gezek ýuwuldy. Ýuwlan çökündi 3 ml suw bilen garyldy we üstüne hem täze taýýarlanan 16 1 ml tiobarbitur turşusynyň, sirke turşusynda taýýarlanan (80 mg tiobarbitur turşusyny gyzgyn ýagdaýda 5 ml H2O we 5 ml konsentrirlenen sirke turşusynda eredilýär), suwly ergini goşuldy. Erginiň reňkleşme özgerişmesi ýapyk himiki probirkada 960C gyzgynlykda 60 min dowamynda geçirildi. Ergin, sowuk suwda sowadylandan soňra, 15 min 3000 aýlaw/min tizlik bilen sentrifugirleşdirildi. Erginiň optiki dykyzlygy 532 nm şöhle tolkunynyň uzynlygynda spektrofotometrde, şöhläniň optiki ýolunyň uzynlygy 10 mm deň kýuwetede ölçelinip, malon dialdegidiniň mukdary onuň molýar siňdiriş koeffisiýentiniň esasynda hasaplanyldy. Barlagda alnan maglumatlaryň netijeleri (tablisada görkezilen), ýagny barlaga gatnaşan talyplaryň ganynyň plazmasynda malon dialdegidiniň mukdary 1,127,69 mkmol/l aralykda boldy. Malon dialdegidiniň mukdary Mary welaýatyndan gelen talyplaryň ganynda ortaça 2,7 mkmol/l we Daşoguz welaýatyndan gelen talyplaryň ganynda bolsa 3,32 mkmol/l deň boldy. Malon dialdegidiniň mukdary Daşoguz welaýatyndan gelen talyplaryň ganynda Mary welaýatly talyplaryňky bilen deňeşdirilende 23% ýokary netije görkezdi. Barlaga gatnaşanlaryň jynsy aýratynlyklary hem malon dialdegidiniň mukdaryna belli bir derejede täsir edýändikligini görkezdi. Mary welaýatyndan gelen oglanlaryň ganynda malon dialdegidiniň mukdary 2,89 mkmol/l deň bolan bolsa, gyzlaryň ganynda ol görkeziji 2,43 mkmol/l deň boldy. Umuman alnanda, oglanlaryň ganynda gyzlaryňka garanyňda antioksidant ulgamyň soňky önüminiň mukdary ep-esli ýokary derejäni görkezdi. Barlaga gatnaşan talyplaryň ganynda malon dialdeginiň mukdary (mkmol/l) Barlagyň geзirilen dцwri 2004–2005 okuw эyly Barlaga gatnaşan talyplar Talyplaryň sany Malon dialdegidiniň ortaзy mukdary Netijäniň welaýatlar boэunзa tapawudy (%) Mary welaэatyndan gelen talyplar 19 2,7 -23,0 26 3,32 +23,0 Daşoguz welaэatyndan gelen talyplar Mälim bolşuna görä, bedeniň antioksidant ulgamynyň ýagdaýyny häsiýetlendirýän görkezijiler öýjük metabolizminiň, esasan-da, oksidant we antioksidant ulgamlary bilen baglanyşykly geçýän molekulýar dartgynlygyň belli bir derejesiniň netijesidir. Barlagda alnan netijeler hem görkezýär, ýagny Daşoguz welaýatyndan gelen talyplaryň bedeniniň molekulýar dartgynlyk derejesi Mary welaýatyndan gelen talyplar bilen deňeşdirilende 23% ýokary. Şeýlelikde, barlanan talyplaryň bedeninde belli bir derejede içki stres ýagdaýynyň bardygy kesgitlenildi we onuň derejesi hem Daşoguz welaýatyndan gelen talyplarda birnäçe esse ýokary derejede duýulýar. Bedende molekulýar dartgynlygyň döremekligine dürli ýagdaýlar, esasan-da, daşarky gurşawyň ekstremal ýagdaýlarynyň, şol sanda ýokary gyzgynlygyň, ýaşaýyş gurşawynyň we iýmit önümleriniň sanitariýa we gigiýena görkezijileriň kadaly 17 derejeden dowamly üýtgemeklikleri we başgalar esasy sebäp bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, barlag işlerimizi daşarky gurşawyň (howanyň ) gyzgynlyk derejesi birnäçe aşaklan döwründe, ýagny Sanjar we Garaşsyzlyk aýlarynda geçirdik. Emma iýilýän iýmitiň, içilýän suwuň we howanyň edýän täsirini anyklamaklyk üçin degişli barlaglary geçirip bilmedik. Şeýle bolsa-da alnan netijeler Daşoguz welaýatynyň ilatynyň bedeninde belli bir derejede molekulýar dartgynlygyň bardygyny görkezdi. Bu netijeler saglygy goraýyş ulgamynyň sanitariýa we gigiýena barlag işlerine we bejeriş işlerini guramaklyga ýardam eder diýip tamamyz bar. Barlagyň umumy netijeleri 1. 45 talybyň ganynda malon dialdegidiniň mukdaryny kesgitlemek bilen bedeniň umumy antioksidant ulgamynyň ýagdaýy öwrenildi. Bedeniň antioksidant statusyny öwrenmekligiň netijesinde Daşoguz welaýatyndan gelen talyp ýaşlaryň bedeninde belli bir dereje molekulýar dartgynlygyň, ýagny içki stres ýagdaýy barlygy duýuldy. 2. Ilatyň belli bir toparlarynda içki stres ýagdaýyny malon dialdegidiň mukdaryny kesgitlemek bilen öwrenmeklik, şol toparlarda öýjük metabolizminiň üýtgemekligi bilen baglanyşykly patologiýanyň profilaktiki çärelerini işläp düzmeklige giňden ýardam etmekligi mümkindir. Teklipler we maslahatlar. Öýjük metabolizminiň üýtgemekligi bilen, esasanda, oksidasiýa hadysalarynyň güýçlenmekleri bilen geçýän patologiýalarda, şol sanda ýürek-gan aýlanyş we nerw ulgamlarynyň patologiýasynda, diabet we başga keselleriň geçişinde antioksidant ulgamynyň sygymlylyk kuwwatyny ýokarlandyrmak çärelerini alyp barmaklygy maslahat bermeli. Şonuň üçin hem şol keselleriň bejeriş çärelerinde antioksidant häsiýetli witaminleri (E, C, A), seleniň we selenidleriň derman önümlerini ulanmaklygy maslahat bermeli. Tьrkmen dцwlet lukmanзylyk instituty Kabul edilen wagty 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 21-i EDEBIÝAT 1. Журавлёв А.И. Биоантиокислители в регуляции метаболизма в норме и патологии. – М., 1982. 2. Казначеев В.В., Михайлова Л.П. Биоинформационная функция естественных электромагнитных полей. – Новосибирск, 1985. 3. Величковский Б.Г. Молекулярные и клеточные основы экологической пульмонологии // Пульмонология, 2000. №3. 4. Internet (informasiýa).Witamin E, http://www.mikosid. ru/info – e. htm. 5. Мецлер Д. Биохимия. Химические реакции в живой клетке. Том 2. – М.: Мир, 1980. 18 6. Абрамова Ж.И., Оксигендлер Г.И. Человек и противоокислительные вещества. – Л.: Наука, 1985. 7. Строев Е.А., Макарова В.Г. Практикум по биологической химии. – М., 1986. 8. Соколовский В.В. Тиоловые антиоксиданты в молекулярных механизмах неспецифической реакции организма на экстремальное воздействие // Вопр.мед.химии, 1988. №1. 9. Федин А.И. Тема – неврология и нейрохирургия / Оксидантный стресс и применение антиоксидантов в неврологии http://www.Dr sex./ru/go/g php. Shop= med linsk & s url=http// www med linsk. A.Durdyyeva, G.Charyyeva, G.Atayeva, Kh.Kurbanov MOLECULAR TENSION OF ORGANISM AND SIGNIFICANCE OF ITS STUDY FOR PRACTICAL MEDICINE Intensification of lipids peroxide oxidation (LPO) play a significant role in many diseases pathogenesis. According to the opinion of some scientists, free radicals take place in the development of more than 100 different diseases. Physiologically anti-oxidate system of organism is a joint hierarchy of protective mechanism of cells, tissue, organs and system, aimed to support the organism’s reaction in norm. Thus the state of anti-oxidate system of organism in general and the LPO rate play an important role in solving such issues of practical medicine as elaboration of different pathology prophylaxis measures. The article reveals the method of defining the quantity of malon dialdegid based on – e = 1,56 · 105 sm-1 · M-1. Molar coefficient of extinction. Tests were carried out on practically healthy first-year students of the Medical institute: 15 boys and 30 girls. Concentration of malon dialdegid in the blood of Dashouguz velayat representative exceed its concentration in the blood of Mary velayat students (3,32 mcmol/l against 2,7 mcmol/l) which is connected to some extant with the results of molecular tension. The molecular tension role of Dashouguz studentsis 20% higher the Mary students’. Thus, inside oxidate stress is characteristic to Mary group. The study of such state through determination of malon dialdegid would further the of preventing methods of pathologies caused by changes of cell metabolism and oxidation process in particular. 19 А.Дурдыева, Г.Чарыева, Г.Атаева, Х.Курбанов МОЛЕКУЛЯРНАЯ НАПРЯЖЁННОСТЬ ОРГАНИЗМА И ЗНАЧЕНИЕ ИЗУЧЕНИЯ ЭТОГО ВОПРОСА В ПРАКТИЧЕСКОЙ МЕДИЦИНЕ Усиление перекисного окисления липидов (ПОЛ) занимает значительное место в патогенезе многих заболеваний. По мнению некоторых учёных свободные радикалы участвуют в механизме развития более 100 различных болезней. Существующая в организме физиологическая антиоксидантная система представляет собой совокупную иерархию защитных механизмов клеток, тканей, органов и систем, направленных на сохранение и поддержание в пределах нормы реакций организма. Сохранение окислительно – антиоксидантного равновесия является важнейшим механизмом гомеостаза живых систем. В этой связи, характеристика состояния общей антиоксидантной системы организма и степени ПОЛ играет важную роль в решении таких вопросов практической медицины как разработка профилактических мер различных патологий. Известно множество методов изучения скорости ПОЛ. В данной работе с этой целью в плазме крови определяли количество малонового диальдегида, являющегося конечным продуктом процесса. При высокой температуре в кислой среде малоновый диальдегид реагирует с 2-тиобарбитуровой кислотой, образуя окрашенный триметиновый комплекс с максимумом поглощения при 532 нм. Молярный коэффициент экстинкции этого комплекса – е = 1,56 · 105 см-1 · М-1. На этом основании в работе использован метод определения количества малонового диальдегида. Исследования проводили на практически здоровых студентах – первокурсниках медицинского института (15 ребят и 30 девушек). Обнаружено некоторое повышенное содержание малонового диальдегида в крови студентов из Дашогузского велаята по сравнению со студентами из Марыйского велаят а (3,32 мкмоль/л против 2,7 мкмоль/л). Изменение показателей, характеризующих состояние антиоксидантной системы организма, является в определённой степени следствием молекулярного напряжения, обусловленного некоторым разбалансированием клеточного метаболизма с участием в том числе, оксидантов и антиоксидантов. Результаты свидетельствуют, что степень молекулярного напряжения у студентов из Дашогуза более чем на 20% выше таковой у студентов из Мары, что указывает на наличие у этой группы студентов состояния так называемого оксидантного внутреннего стресса. Предполагается, что изучение подобного состояния у определённой группы населения путём определения малонового дильдегида поможет разработать мероприятия по профилактике патологий, связанных с изменением клеточного метаболизма и процессов окисления в частности. 20 TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN №2 2007 HALK MASLAHATYNYŇ ЗЦZGЬTLERI WE KANUNLARY DURMUŞA ORNAŞÝAR Tьrkmenistanyň XX Halk Maslahatynda kabul edilen зцzgьtleriň we kanunlaryň durmuşa geзirilmeginiň hem-de Tьrkmenistanyň Prezidentiniň oba hojalygyny dьэpli цzgertmek baradaky aladalarynyň giň gerim alэan gьnlerinde Tьrkmenistanyň Prezidentiniň эanyndaky Ylym we tehnika baradaky Эokary geňeş Tьrkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen bilelikde “Ylmyň gazananlaryny цnьmзilige ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden эokary hasyl almagyň girewidir” atly ylmy maslahat geзirdi. Oba hojalygynyň ähli pudaklaryny цsdьrmek ьзin tдze цzgertmeleri girizmдge bagyşlanan bu maslahatda toplanan tejribeler, цnьmзilige gaэragoэulmasyz ornaşdyrylmaly ylmy garaэyşlar, ylmy зцzgьtler orta atyldy we geзirilmeli здreler anyk bellenildi. Biz hem ћurnalyň şu sanynda maslahata gatnaşan alymlaryň we hьnдrmenleriň зykyşlarynyň gyşgajyk beэanynyň kдbirini okyjylaryň dykgatyna hцdьrleэдris. D.Berdimyradow ÝAŞ GOWAÇANYŇ IDEDILIŞI Çuň sürlüp, endigan tekizlenen, ýuwuş we tagt suwy tutulan ýerlerde ýokary hilli geçirilen ekiş gowaçalaryň hatarlary dolduryp köpçülikleýin gögerip çykmagyny üpjün edýär. Täze gögeren ýaş gowaçanyň idedilişine aýratyn üns bermelidir. Çünki, bu döwürde ýer eýeleri el güýjüni köp ulanmaly bolýarlar. Gowaçanyň kadaly gürlügini almak üçin geçirilýän iň jogapkärli agrotehniki çäräniň biri hem ýekelemekdir. Bu möhüm çäräni geçirmegiň iň oňaýly wagty, hatarlarda doly gögeriş alnandan başlap, gowaçalarda iki-üç hakyky ýaprak emele gelýän wagtyna çenlidir. Gowaçalar gijikdirilip ýekelense, ol diňe hasyllylygyň kemelmegine getirýär. Ýekelemek işleriniň netijesinde gowaçalaryň kadaly gürlügini gazanmalydyr. Her gektarda 110 müň düýp almak ьзin, gowaзalar hatararasy 60 santimetr setirlere ekilende, her 13-15 santimetrden, giňligi 90 santimetr bolan hatararalarynda 8-10 santimetrden bir dьэp galdyrmak bolar. Şunuň ýaly gürlükde saklanyp galan ýaş gowaçalaryň oňat ösüp, beýleki ösüş döwürleriniň hem öz wagtynda bolmagyny üpjün edýär. Ýaş gowaçalar ýekelenende gowşak ösen, keselli ösümlikleri el bilen goparyp, sagdyn ösümlikler saýlanyp goýulmalydyr. Bu döwürde ýaz otlarynyň gögerip çykmagyna ýol berilmeli däldir. Şonuň üçin ýekelemek bilen bir wagtda otag işlerini alyp barmak maksada laýykdyr. Irki ýaz otlary toprakdaky yzgardan we ýokumly maddalardan 21 peýdalanyp, çalt ösmäge ukyply bolýar. Bu bolsa ýaş gowaçalaryň oňat ösmegine päsgel berýär. Gowaзalar kцpзьlikleэin gцgerэдn dцwrьnde idege has mätäç bolýar. Ýekelemek we otag işleriniň oňat hilli geçirilmeginde ilkinji hatarara bejerginiň ähmiýeti örän uludyr. Ilkinji hatarara bejergisiniň esasy maksady topragyň ýumşadylmagyndan, haşal otlaryň köklerini kesip ýok edilmeginden, yzgaryň ýitgisiniň azalmagyndan we toprakdaky duzlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Gowaçalar köpçülikleýin gögerip hatar tutanyndan başlap, ilkinji hatarara bejergisine girişilse, olaryň oňat ösüp ýetişmegine ýardam bolar. Hatarara bejergisini gowaçanyň ösüş döwürlerinde azyndan 7 gezek bejermek maslahat berilýär. Gowaçanyň hatarara bejergilerinde asma kultiwatorlar ulanylmalydyr. Olara daýhançylykda ýeňil kultiwator hem diýilýär. Bejergi döwründe bu kultiwatorlara işçi agzalary sazlaşykly asylmalydyr. Hatararalarynda ilkinji bejergi işleri geçirilende ýumşadyjy abzallaryň oturdylyşy birmeňzeş ölçegde bolýar. Hatarlaryň arasyndan geçirilýän üç sany ýumşadyjylaryň iki gyrakysyny ýaş gowaçalardan 10-12 santimetr daşlykda, 6-8 santimetr çuňlukda gider ýaly edip oturdylýar. Ortanjy gaz aýakly ýumşadyjyny bolsa 12-15 santimetr çuňlukda gider ýaly berkidilýär. Ota basdyrylan gowaça meýdanlarda iki gyraky ýumşadyjyny, bir taraply päkiler bilen çalşyrmak bolýar. Soňky bejergilerde ýumşadyjy abzallar topraga çuňrak aralaşar ýaly edip oturdylýar. Ýagny sorag zolagyny 12-15 santimetre uzaldyp, iki gyraky ýumşadyjylary 8-10 santimetr çuňlukda, hataryň ortasyndan gidýän ýumşadyjyny bolsa topragyň görnüşine görä, 14-18 santimetr çuňluga aralaşar ýaly edip oturdylýar. Gowaçalaryň ýaş döwründe azotly dökünler bilen iýmitlendirmek talaba laýykdyr. Bejergi işleri bilen bir wagtda gektara 100 kilogram möçberinde karbamid CO(NH2)2 döküni bilen ýaş gowaçalary gapdallaýyn iýmitlendirmek bolar. Şol döwürde berlen karbamid toprakdaky yzgaryň hasabyna eräp, ösümlikleriň kabul edip bilýän ammiakly azot (NH4) görnüşine öwrülýär. Bu bolsa ýaş gowaçalary iýmitlendirýär we sagdyn ösmegine itergi berýär. Ýaş gowaçalaryň idedilişi öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilse, olaryň kuwwatly ösmegine, bol hasyl toplamagyna ýardam eder. Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty 22 O.Rejebowa, O.Nyýazowa TÜRKMEN PAGTASYNYŇ BÄSDEŞLIK UKYPLYLYGYNY ÝOKARLANDYRMAGYŇ USULLARY Türkmenistanyň XX Halk Maslahaty oba hojalyk pudagy üçin taryhy möhüm waka boldy. Ýurdumyzyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň ata Watanymyzy gülledip ösdürmekdäki alyp barýan ykdysady syýasatynda iň wajyp ugurlaryň biri-de oba hojalyk önümçiligini dünýä ülňülerine laýyklykda kämilleşdirmekdir we pagtaçylyk pudagyny ýokary depginli ösdürmek hem-de türkmen pagtasynyň dünýä bazarlarynda bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmak bolup durýar. Döwletimizde oba hojalygyna, aýratyn hem pagtaçylyga üns berilmeginiň sebäbi, onuň köpsanly ähmiýetli taraplarynyň bardygyndan gelip çykýar. Pagtaçylyk pudagynyň önümlerine ýurdumyzyň içerki we daşarky bazarlarynda uly isleg bildirilýär. Bu pudak halk hojalygynda hem örän uly ähmiýete eýedir. Biziň ýurdumyzda orta we inçe süýümli pagta öndürilip, ol gaýtadan işleýän senagat üçin möhüm çig mal bolup hyzmat edýär. Pagtanyň esasy önümleri onuň süýümi we çigididir. 1 tonna pagtadan alynýan önümler: 320 kg süýüm, 600 kg çigit, 40 kg lint, 10 kg ulýuk, 30 kg puh galyndysy. 1 kg pagta sьэьminden: 5 m prostinlik mata, 12 m зit mata эa-da 20 m batist, 40-140 sany tikin эьplьkli tegek alynэar. 1 kg pagtanyň зigidinden: 170 g зigit эagy, 400 g kьnjara, 300 g harpyk, 30 g lint almak bolэar. 1 t harpykdan (şulhadan): 85 litr spirt, 300 kg lignolit (gurluşyk plitalary), 28 kg kömürturşy gazy we 20 kg uksus kislotasy we başga önümler alynýar. Umuman, türkmen pagtasyndan Türkmenistanyň şertlerinde köpsanly her dürli önümler alynýar, şol sanda süýüm, pagta ýagy, şulha, sarun, pamyk, lint, ýüplük, flannel, polotenselik mata, wiskoza, setin, trikotaž, çit, iç geýimlik mata, ştapel mata, sütükli mata, sapak, balyk torlary we urganlary, ýangyn söndürijiniň elligi, sellýuloza, kagyz, süzgüç kagyz, emeli ýüpek, asetat ýüpegi, emeli fetr, emeli kauçuk emeli deri, emeli gaýyş, linoleum, izolenta, kapron, neýlon, sellofan, nah mata, ýüplük, fotoplenkalar, kardon, paraşýut ýüplükleri, gurluşyk plitalary, kord, kollodiý, partlaýjy madda, uçarlara lak, olifa, fibra, elektrik geçiriji ýüpleri, döwülmeýän aýna, harpyk, çigidiň maňzy, künjara, glisirin, stearin, sabyn, krahmal, lignin, glýukoza, spirt, kömürturşy gazy, limon kislotasy, witamin – E, azyklyk belok, kalsiý oksalaty, furfurol, endotal we ş.m. Pagtaçylygyň halk hojalygyndaky ähmiýeti göz öňünde tutulyp, bu pudagy ösdürmekde, ýagny pagtanyň ýokary hilli, çalt ýetişýän, kesellere çydamly, bol hasylly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde, ýere ideg etmekde, tehnikalary ýerlikli ulanmakda, döküniň mukdary, önümçiligiň gurnalyşy ýaly meseleleri çözmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde pagtaçylygyň ähmiýeti ýyl-ýyldan artýar. Asyrlarboýy türkmeniň esasy baýlyklarynyň biri bolan ak pagtasy Türkmenistanyň täze ykdysady gatnaşyklarynda hem milli baýlyk bolup dowam eder. Bu gün dünýäniň köp ýurtlary, şol sanda Merkezi Aziýa, Ýewropa, ABŞ pagtany 23 uly möçberde öndürýär. Bäsdeşlik bu döwletlerde pagtaçylygyň ösdürilmegine itergi berýär. Mysal üçin, dünýäde pagtanyň öndürilişi boýunça 2005-nji ýylyň maglumatlarynda: ABŞ-yň ekin meýdany 5284 mьň/ga, hasyllylygy 28,4 s/ga, umumy önüm 15007 müň/tonna, Hytaýyň ekin meýdany 5650 mьň/ga, hasyllylygy 33,56 s/ga, umumy önüm 18964 müň/tonna, Hindistanyň ekin meýdany 9086 mьň/ga, hasyllylygy 10,9 s/ga, umumy önüm 9904 müň/tonna, Türkmenistanyň ekin meýdany 650 mьň/ga, hasyllylygy 11,7 s/ga, umumy önüm 760 müň/tonna we ş.m. Milli Maksatnamada bellenilişi ýaly, pagtaçylykda öndürilen önümiň 60%, öz içerki kärhanalarymyzda gaýtadan işläp, diňe ujypsyz bölegini çig mal görnüşinde daşary ýurda çykarylar. Pudagyň geljekde ösmegi üçin önümi nähili ýol bilen, nirä we haçan ýerlemek meselesi esasy şert bolup durýar. Agzalan meseleleriň ählisi Türkmenistanda döwletiň ykdysady ýagdaýyna we mümkinçiliklerine görä çözülýär. Geljekde ak altynyň öndürilişini artdyrmak we bäsdeşlik ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanda ýeterlikli binýat bar. Ýurdumyzda esasy üns pagtanyň bäsdeşlik ukyplylygyny hem-de pudagyň içerki we daşarky bazarlarynda tutýan ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilse maksada laýyk bolardy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti N.Kadyrow, A.Garahanowa MEKGEJÖWEN, JÖWEN – ÄHMIÝETLI EKIN Ot-iýmlik ekinleriň içinden mekgejöwene, jöwene taý gelip biljek ot bolmaz, sebäbi olaryň dänesindäki ýaşaýyş üçin örän zerur bolan ýokumly maddalar, mallaryň amaly iýmit çeşmesine bolan talabyň 60-70 göterimine çenlisini doly üpjün edip bilýär. Şonuň esasynda halk hojalygy üçin gymmatly ot-iýmlik we azyklyk ekinleri bolan mekgejöweniň, jöweniň daşary we ýerli sortlarynyň, gibridleriniň synaglaryny geçirip, nusgalaryň ýitip gitmezligi ugrunda köp işler alnyp barylýar. Şeýle örän ähmiýetli ylmy-barlag işleri geçirmekde SIMMIT we IKARDA halkara ylmy merkeziniň kömegi uludyr. Bu halkara ylmy merkezleriň öňki ýyllarda jöweniň, mekgejöweniň gibridleriniň we öz-özünden tozanlanýan görnüşleriniň sort-nusgalaryň tohumlaryny bize goýbermegi ep-esli işlerimiziň netijeliligini artdyrdy. Mekgejöwen, jöwen ekinleri ýokary hasyllylygy we köptaraplaýyn bolmagy azyk senagatynda, lukmançylykda himiýa senagatynda, gurluşykda, maldarçylygy ösdürmekde, ekin dolanyşygynda we ykdysady taýdan dünýä möçberinde ähmiýetli ekin hasaplanýar. Ýurdumyzda mekgejöweniň, “Wir-156”, “Krasnodar-5TB”, “Kremi-Uzros”, “Luuç590mw”, “Çuýskiý-62tw” sortlary, “Änew-62”, “Dneprowskiý-200” hojalyklarda ekilýär. Jöweniň “Altyn aýlyk”, “Gatybaş”, “Oranžewoýe-160”, “Türkmenistan-1”, “Türkmenistan8” sortlary Daşoguz, Lebap welaýatlarynda ýetişdirilýär. Bu ekinleriň dänesinde 70-76% krahmal, 6-13% belok, 3-6% ýag, 4-5% özeni (kletçatka), 12-20% şeker jöwen-de bar. Dänesi mallar we guşlar üçin ýokumly iýmitdir. Dänesinden un, ýarma, çörek, köje bişirilýär. Gaýnadyp, gowrulyp hem iýilýär. Onuň toşabyndan spirt, piwo, konditer önümlerini taýýarlamak üçin ulanylýar. Gök massasy göklügine silos, senaž, bede görnüşinde mallara berilýär. Jöweniň, mekgejöweniň boýy 1-5 metre çenli, tropik ýerlerde 24 6-7 metre ýetýär. Ýapraklarynyň sany 7-8-den 20-24-e çenli bolýar. Baldak emele getirişi 1-1,5-den 8-10-a çenli bolýar. Ortaça dänesiniň hasyllylygy 45-95% s/ga çenli, gök massasy 850-1500 s/ga. Onuň ösüp ýetişmegi üçin 80-145 gün gerek bolýar. Bular ýazlyk ekin bolup, mekgejöwene garaňda jöwen ekini dürli toprakda ösýär, çala we orta duzly toprakda hem gowy hasyl bermäge ukyplydyr. Gögerenden soň bir aýlap haýal ösýär, şonuň üçin ony haşal otlardan mör-möjeklerden we kesellerden goramak üçin gerbisidleri, pestisidleri ulanmalydyr. Mekgejöwen bir ülüşlilere degişli bolup, bir ösümlikdäki gülüň iki bölekligi bilen beýleki ösümliklerden tapawutlanýar. Atalyk gül toplumy ýokarysynda, enelik güli onuň golçury bolýar. Soltany çykanyndan soň 5-7 günüň dowamynda gülleýär, 2-3 gün enelik (golçur) gülünden öň gülleýär, enelik gülüň gulpak setirligi jübüt bolup, soňra däne setirleri jübütligi bilen (8-16 aralykda, köplenç, 12-14 aralykda) bolýar. “Dneprowskiý-200” köne giçki sort, 135-140 günde ýetişýär, boýy 145-310 sm aralykda, birinji golçura çenli beýiklik 50-180 sm aralyk, ýapragy 14-22-ä çenli. Dänesiniň hasyllylygy 65-90 s/ga, gök massasy 800-1050 s/ga. “Änew-62” Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilip, giçki sort 135-145 günde ýetişýär. Dänelik we gök massa üçin ekilýär. Boýy 140-320 sm aralyk, birinji golçura çenli aralyk 60-150 sm aralyk, ýaprak sany 14-20 aralyk, däne hasyly 70-95 s/ga, gök massasy 850-1150 s/ga. Häzirki wagtda hojalyklarda alty aýlyk ýerli köne giçki sort 140-145 günde ýetişýär. Dänelik gök massa üçin ekilýär. Beýikligi 240-280 sm-e çenli. Dänesiniň hasyllylygy 4550 s/ga, gök massasy 850-900 s/ga. Penjeleme 3-4-den 5-8-e çenli bolup, ýapragy 16-17ä çenli ýetýär. “Oranžewoýe-160” gök massasy siloslyk üçin 110-120 günde ýetişýär. Boýy 240260 sm, 2-2,5 baldak, ýapragy 12-16 çenli, dänesiniň hasyllylygy 45-55 s/ga, gök massasy 750-800 s/ga. “Türkmenistan-1” ýerli giçki sorty 140-145 günde ýetişýär, boýy 3,5-4 m çenli, 45 baldak emele getirýär, ýapragy 18-20 çenli. Dänesiniň hasyllylygy 55-60 s/ga, gök massasy 850-900 s/ga ýetýär. Häzirki döwre çenli 1500 mekgejöwen sortlary, jöweniň nusgalarynyň 800 sanysy öwrenildi. Sortlaryň içinde “Feterita” we “Negritianskiý” ak sortlary çakyşdyrylyp, täze “Türkemnistan-8” sorty döredildi. Bu sort gök massa we dänelik üçin ekilýär. Dänesi ak, boýy 180-200 sm, 1,2 baldagy emele getirýär, 20-ä çenli ýapragy bolýar, dänesiniň hasyly 55-65 s/ga, gök massasy 500-600 s/ga, 100-105 günde ýetişýär. Önümçilige 2000-nji ýylda ornaşdyrydy. Häzirki wagtda “Türkmenistan-10” sorty Döwlet sort synagyna berildi. Mekgejöwen we jöwen iň amatly şertlerde ösdürilip ýetişdirilen mahalynda her gektardan 120-den s/ga 180 s/ga gowrak däne we 1100-1800 s/ga gowrak gök massa hasylyny alyp boljagyny geçiren tejribeleriň netijeleri görkezdi. Munuň üçin ekinlerden boşan ýerleri güýz-gyş çärelerini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin ösümlik galyndylaryndan, haşal otlardan doly arassalamaly. Güýz sürüminden öň ozalky ekilen ekinleriň keşpleri bilen 500-600 m3/ga yzgar suwuny tutmaly, soňra meýdanlary endigan tekizleýiş işlerini geçirmeli. Mekgejöweniň, jöweniň ekiljek ýerlerini 60 kg/ga kaliý, 450-600 kg/ga fosfor, 15-20 tonna çüýrän ders döküp, 30-35 sm çuňlukda güýz sürümi Sanjar, Bitaraplyk aýlarynda geçirilýär. Ýerleri ýuwuş we tagt suwuny 1.01–1.03 aralygynda geçirmeli. Ýuwuş we tagt suwuny 1800-2000 m3/ga, şorlan ýerlerde 3000-5000 m3/ga çenli 2-3 gezek ýuwuş suwy tutmaly. Topragyň taba gelmegine görä, ekişiň öň ýanyndaky bejergi işleri geçirmek üçin wagtlaýyn ýaplary, çilleri tekizlemek, 14-16 sm çuňlukda çizel kultiwator, borona mala 25 geçirmeli. Azodyň ýyllyk normasynyň 25-30%-ini topraga bermeli, soňra KFG3,6 gural bilen iki taraplaýyn ýumşadyp, hatararasy 60-70 sm edip, keşler çekmeli. Ekişiň 1,5-2 aý öňünden tohumlary kesellere we zyýanberiji mör-möjeklere garşy, onuň her tonnasyna 1 kg diwident 10 litr suw bilen ýöriteleşdirilen enjamlarda dermanlanmalydyr. Ekişe peýdalanýan tohumlar ýokary hilli gowy dermanlananda, onuň ösüş döwründe zyýanly mör-möjeklere we kesellere durnuklylygyny artdyrýar. Mekgejöwen, jöwen ekinleriň ekmeli möhletleri Ahal, Mary, Lebap welaýatlarynda Nowruz aýynyň 20-sinden Gurbansoltan aýynyň 25-ine çenli aralykda, Daşoguz welaýaty üçin Gurbansoltan aýynyň 20-sinden Magtymguly aýynyň 20-ine çenli amatlydyr. Tohumlyk mekgejöweniň tohumynyň ekiş mukdary dänelik mekgejöwen üçin 20-25 kg/ga siloslyk mekgejöwen 25-30 kg/ga jöweniň tohumynyň ekiş mukdary 8-10 kg/ga we şol bir wagtda 10-15 kg/ga azot 20-25 kg/ga fosfor berilmeli. Ýeriň mehaniki düzümi ýeňil we orta halda bolan toprakda oňat ösýär. Bu ekinleriň tohumyny gaty (agyr) toprakly ýerlerde 5-6 sm çuňlukda, ýeňil toprakly ýerlerde we giç ekilen wagtynda 8-10 sm çuňluga düşer ýaly edip, ekiji enjamlar düzmeli. Mekgejöweni, jöweni keşleriň gerişleriniň üstüne ekmek maslahat berilýär. Ýekelemek işleri 4-5 ýapragy emele gelenden başlamaly, her düýbüň arasyny 2025 sm goýup, otap geçmeli. Tohumlyk mekgejöwen, jöwen üçin bir gektardaky bolmaly ösümlikleriň sany 60-70 müň, düýp dänelik we siloslyk üçin 75-80 müň düýp bolmaly, 2 gezek otag işlerini geçirmeli. Ekerançylyk çäreleriniň esasy maksady topragy ýumşak saklamakdan, haşal otlardan arassalamaly, amatly suw, howa we iýmit ýagdaýyny üpjün etmekden hem-de ösümlikleriň oňat ösüp ýokary hasyl toplamagy üçin amatly şertleri döretmekden ybaratdyr. Mekgejöweniň we jöweniň ösüş döwründe 3 gezek hatarara bejergisini geçirmeli. Ekin meýdanlarynda doly gögeriş alynmagyny gazanmak, ýagyşdan soň ösümligiň hatararalarynyň gapagyny ýumşatmak, mineral dökünler bilen gurplandyryp, birinji bejergi işlerini geçirmeli. Ikinji bejergi 4-5 ýaprak peýda bolanda geçirmeli. Ösümlikleriň hatararalarynda bejergi geçirileninden soň, suw tutmak üçin keş çekmeli we ikinji gezek dökün bilen iýmitlendirmeli. Ösüş suwlaryny keşler arkaly tutmaly, 700-800 m3/ga soňra her 12-15 günden soň gektara 900-1500 m3/ga möçberinde ösüş döwründe jemi 5-6 gezek tutulýar. Umumy möçberi 4500-5000 m3/ga suw tutmaly. Mekgejöweniň, jöweniň dänesiniň çyglylygy 40% köp bolmadyk halatynda, hasyl ýygnalyp başlanylýar, dänäniň çyglylygy 30% pes bolanda, ol döwülýär. Hasyl ýygnamagyň dowamlylygy 16-20 günden köp bolmaly däldir. Ylmy-barlag dänelik ekinleri instituty K.Mämmetgulow, D.Hasanowa, H.Nurýagdyýew EKINLERI ZYÝANBERIJILERDEN GORAMAK BOL HASYLYŇ GIREWIDIR Ekinleriň hasyllylygyna, hasylyň hiline täsir edýän zyýanberijilere garşy göreşmek ylmyň we önümçiligiň öňünde durýan döwlet ähmiýetli meseleleriň biridir. Bu möhüm meseläniň çözgüdi ösümlikleri goramak boýunça ylmy-barlag işleriň çuňňur we 26 toplumlaýyn alnyp barylmagyna bagly bolup durýar. Gowaça we güýzlük bugdaý ekilen tejribe meýdanlarynda soňky ýyllarda duş gelen zyýankeşleriň, keselleriň we haşal otlaryň görnüşleri, olaryň ösüşi, ýaýraýyş derejeleri anyklandy. Tejribe meýdanlarynda köpýyllyk hem-de birýyllyk haşal otlara garşy täze görnüşli serişdeler: gerbisidler, kesellere garşy fungisidler, zyýankeşlere garşy insektisidler ulanyldy we olaryň netijeliligi anyklanyldy. Gowaça ekilen meýdanlarda, ekinleriň gyralarynda köpýyllyk haşal otlaryň görnüşlerine we ýaýran derejesine baglylykda 6-8 l/ga möçberdäki täze Sonraund gerbisidini ulanmak oňat netije görkezdi. Tohumlaryň ekişden öň Mitafaks 200 ff (5,0 l/ t) serişdesi bilen dermanlanylanda, bir gektar ýerden alnan pagta hasylynyň mukdary barlag görnüşi bilen deňeşdirilende 3,2 sentner, Maksim XL (1,0 l/t) -4,6 sentner, Kruýzer (4,0 l/t) -5,7 sentner, Oksigumat (0,8 l/t+0,5 l/ga)+Witawaks 200 ff (5,0 l/t) -5,1 sentner köp boldy. Kruýzer serişdesiniň şirejelere we gowaça bitlerine garşy täsiri 83,3-92,3%-e deň boldy. Bu bolsa ol serişdäniň gowaçalaryň ýaş döwründe, ýagny 40-60 güne çenli ekini zyýankeşlerden goramakda uly ähmiýetiniň bardygyny görkezdi. Gowaçanyň ýapragyny düşürmekde ulanylýan defoliantlaryň netijeliligi, olaryň sepiliş usulyna, kadasyna, howanyň temperaturasyna we gowaçanyň fiziologiki эagdaэyna bagly bolup durэandygy anyklanyldy. Dropp ultra 18% (tidiazuron+diuron) defolianty orta sьэьmli gowaçanyň 35-45% köregi açylanda, howanyň ortaça temperaturasy 30 derejeden ýokary bolanda 0,6 l/ga kadada sepilende 14 günden soň 90,4-96,2%, 18-25 derejelerde 0,7 l/ga kadada 97,3%-e çenli ýapragyň düşmegine getirýär. Dropp ultra sepilenden soňky açylan on gozadaky pagtanyň agramy 0,1-0,2 gram azalýar. Baýstar (119,75 g/l tidiazuron+59,88 g/l diuron) defolianty orta süýümli gowaçanyň 35-45% köregi açylanda, howanyň ortaça temperaturasy 30 derejeden ýokary bolanda 0,6 l/ga kadada sepilende 14 günden soň 66,8-74,6%, 18-25 derejede 0,7 l/ga kadada 91,6-94,6%, 0,75 l/ga kadada 94,495%-e çenli ýapragyň göklügine düşmegine getirýär. Baýstar sepilenden soňky açylan on sany gozadaky pagtanyň agramy 0,1-0,3 gram azalýar. Magniý hloraty defolianty orta süýümli gowaçanyň 35-45% köregi açylanda, howanyň ortaça temperaturasy 30 derejeden ýokary bolanda 9,0 l/ga kadada sepilende 14 günden soň 78,8-83,2%, 18-25 derejede 11,0 l/ga kadadada-99,8% we 12,0 l/ga kadada 100% ýapragy guradýar. Açylan gozalardaky pagtalar guran ýapraklaryň üstüne düşmegi netijesinde hapalanýar. Magniý hloraty sepilenden soň açylan on gozanyň pagtasynyň agramy ortaça 1,2-1,9 gram azalýar, ýokary kadalarda (12,0 l/ga) körekleriň daşyny ýakýar (desikasiýanyň alamatlary), aзylan hanalar gцэdьk bolэar. Tohumlaryň ekişden öň Winner 6%(0,4 l/t), Diwidend 3%(1,0 l/t), Diwidend Star 3,6%(1,0 l/t) serişdeleriniň biri bilen dermanlanylmagy güýzlük bugdaýy baş kesellerden goramakda oňat netijeleri berdi. Tejribäniň barlag görnüşinde 3,9% bugdaý baş keselleri bilen keselledi, ýokarky serişdeler ulanylan meýdanda bugdaý kesellerden 96,8-98,4% goraldy. Zyýanly ýasmyk, sülükpisint däne tomzagy, şirejeler, däne bitleri ýaly zyýankeşlere garşy ulanylan Best Alfa 10%(0,15 l/ga), Karate 5%(0,2 l/ga), Desis 10%(0,075 l/ga) insektisidleri ýokary netijeleri görkezdiler. Olar zyýankeşleriň 95,2%-e çenli gyrylmagyna getirdi. Atlantis (0,3 kg/ga), Awestar (0,75 l/ga), Gromstor (15,0 gr/ga), Almaksan (2,5 l/ ga) gerbisidleriniň haýsy bolsa-da biriniň güýzlük bugdaýda ulanylmagy haşal otlaryň 94,395,6% ýok edilmegine, gowaçada Fýuzilad forte (1,5-2,0 l/ga), Gezagard 500 (3,0-5,0 l/ ga), Dual gold 960 ES (1,5-2,0 l/ga) gerbisidleriniň ulanylmagy, haşal otlaryň 80,5-97,2% azalmagyna alyp bardy. Zyýanberijilere garşy ösümlikleri goraýan serişdeleriň toplumlaýyn 27 ulanylmagy 1 gektar bugdaýdan alynýan hasylyň 12,8-14,9 sentnere çenli ýokarlanmagyna (saklanylmagyna) getirdi. Geçirilen ylmy-barlag işleriň netijeleri Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Ösümlikleri goramak baradaky serişdeleri hasaba almak boýunça döwlet iş toparyna önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen berildi. Bu bolsa ýurdumyzda ileri tutulýan ekinlerden – bugdaýdan we gowaçadan ýokary hilli, bol hasylyň alynmagyna hem-de ideg işlerinde el zähmetiniň azalmagyna ýardam eder. Ylmy-barlag ekeranзylyk instituty M.Annanurowa, Ş.Aşyrmyradowa TÜRKMENISTANYŇ MIWELI BAGLARYNYŇ ZYÝANKEŞLERINE GARŞY GÖREŞ ÇÄRELERI Miweli agaçlardan ýokary we durnukly hasyl almak işinde zyýankeş mör-möjekleriň birnäçesi uly päsgelçilikleri döredýär. Munuň özi bolsa agaçlaryň ösüşine we olarda täze pyntyklaryň emele gelmegine oňaýsyz täsir edýär. Mineleýji güýeler, ylaýta-da ýaş, ýagny entek hasyla durmadyk agaçlar üçin uly howp salýar. Mineleýji güýeleriň hemmesi bedenleri örän ujypsyzja möçberdäki kebeleklerdir. Olaryň kebelekleriniň ululygy ganatlaryny ýazyp oturan mahalynda 3-10 mm barabar. Gurçuklary ösümlikleriň ýapraklary bilen iýmitlenýär. Türkmenistanyň şertlerinde miweli agaçlara, esasan, ýapragyň üst ýüzündäki we aşak tarapyndaky miwe güýeleri, garalynyň, alyçyň (boýaryşnik) ýa-da ýemşeniň egri murtlary we halkaly güýeleri, rýabina agajynyň miweleýji güýesi has-da uly zyýan ýetirýär. Ýapragyň üst ýüzündäki mine güýesiniň gurçuklary almanyň, armyt, beýi we garaly agaçlarynyň ýapraklary bilen iýmitlenýär. Onuň kebeleginiň ganatlaryny gerip oturan mahalyndaky ululygy 8-10 mm barabardyr. Öňdäki jübüt ganatlary goňrumtyl reňklidir. Zyýankeşiň kebelekleri agaçlaryň ýapragynyň üst ýüzüne adaty göz bilen görüp bolmaýan örän ujypsyzja ululykdaky ýumurtgalary taşlaýar. Şol ýumurtgalaryň daşky gabygyny deşip, güýäniň gurçuklary çykýar. Olar bada-bat ýapragyň içinde gizlenýär. Zyýankeşiň gurçugy çalymtyl reňkde bolup, onuň üst tarapynda bedeni deň ikä bölýän gara dik çyzyk bar. Güýäniň gurçuklary ýapragyň içinde gizlenip ýaşap, onuň parenhimasy, ýagny ýapragyň özeni bilen iýmitlenýär hem-de ol ýerde özboluşly ýollary – minany emele getirýär. Şol minanyň içi bolsa ýüpek kerepjikler bilen örtülendir. Zyýankeşiň gurçuklarynyň emele getiren minasy, umuman, ýapragyň üst ýüzünde ýerleşýär. Güýäniň gurçuklary iýmitlenip bolanlaryndan soňra şol minanyň içinde gundaga öwrülýär. Gundagyň ululygy 3-5 mm barabar, bedeniniň reňki bolsa sarymtyldan garadyr. Türkmenistanyň baglarynda ýapraklarynyň üst ýüzündäki mine güýesi bir ýylyň dowamynda üç gezek nesil berip köpelýär. Onuň iýmitini tamamlan uly ýaşly gurçuklary bolsa ýere düşen ýapraklardaky minalaryň içinde gyşlaýar. Almanyň we beýleki miweli agaçlaryň ýapragynda bahar aýlary zyýankeşiň 1-2 sany içi gurçukly minasy duşýar. Tomsuna bolsa olaryň her bir ýaprakdaky sany 5-e ýetýär. Gurçuklaryň ýaprakda emele getirýän minalarynyň daşky keşbi we olaryň ululygy zyýankeşiň gurçugynyň ýaşyna bagly bolýar. Güýäniň gurçuklary almanyň we beýiniň 28 ýapraklary bilen iýmitlenen mahalynda minalaryň birnäçe, ýagny ýylana meňzeş egrembugram, tegmil şekilli we gasyn-gasyn görnüşlerine syn etmek bolýar. Türkmenistanyň miweli baglarynda köpçülikleýin zyýan berýän minalaýji güýeleriň 11-12 görnüşi duş gelýär. “Tьrkmenistany ykdysady, syэasy we medeni taýdan ösdürmegiň 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Baş ugry” Milli Maksatnamada oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine, kesellerine we haşal otlara garşy ekologiýa taýdan howpsuz bolan serişdeleri ornaşdyrmak wezipesi goýulýar. Şu wajyp wezipäni üstünlikli çözmegiň ilkinji tapgyry zyýankeşleriň we keselleriň görnüş düzümini anyklamak, olaryň has köpçülikleýin zyýan ýetirýän görnüşleriniň toparlarynyň önüp ösüşini anyk öwrenmek hem-de olara garşy göreşiň utgaşykly ulgamyny işläp düzmek hasaplanýar. 1. Biologik göreş usuly: zyýankeşleriň gyşlaýan gurçuklaryny we gundaglaryny köpçülikleýin gyrmak maksady bilen agaçlaryň aşagyna düşen ýapraklaryny güýzde (Sanjar aýynda) ýa-da ir ýazda (Nowruz aýynda) ýygnamaly we olary bagdan daşyna çykarmaly. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşleriň tebigy ýagylaryny entomofaglaryny (parazitleri we ýyrtyjylaryny) ýüze çykarmak, olary zyýan berijilere garşy göreşde ulanmak bolup durýar. 2. Agrotehniki göreş çäreleri minalaýjy güýelere garşy göreşmegiň ekologiýa taýdan howpsuz ulgamynda esasy orun tutýar. Ol çäreler, esasan, bu zyýankeşleriň gundaglarynyň garşysyna gönükdirilýär. Şu maksat bilen güýz aýlary hem-de ir ýazda miweli baglarda agaçlaryň hatar aralarynda, olaryň düýplerini 25-30 sm çuňlukda agdarmak işleri geçirilýär. Bu çäreler öz wagtynda, ýokary hilli geçirilen halatynda baglarda minalaýjy güýeleriň sanlarynyň azalmagyna, olaryň zyýanly täsiriniň pese düşmegine oňaýly ýardam edýär. 3. Himiki göreş çärelerini diňe juda zerurlyk ýüze çykan halatynda, ýagny minalaýjy güýeleriň has köpçülikleýin köpelen hem-de olaryň baglara giň möçberlerde zyýan ýetirmekleriniň howpy dörän wagtynda geçirmeli. Çünki, göreş çäreleriniň bu toplumy uly möçberli ykdysady çykdajylary talap edýär. Türkmenistanyň şertleri miweli baglaryň zyýankeşleri bolan minalaýjy güýelere garşy göreşmegiň ekologiýa taýdan howpsuz bolan ýokarda işlenip düzülen ulgamyny Ahal welaýatynyň Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynda, Lebap welaýatynyň Sakar etrabynda önümçilik synagynda geçirildi. Synaglaryň netijesinde göreş çäreleriniň ýokarda görkezilen ulgamy utgaşyklykda ulanylýan wagty minalaýjy güýeleriň baglara ýetirэдn zyэanyny 95%-den 8,5-9,0%-de çenli azaltmak başartdy. Minalaýjy güýeleriň baglara ykdysady taýdan zyýan ýetirip biljek derejesinden ep-esli pesdir. Magtymguly adyndaky Tьrkmen dцwlet uniwersiteti Ö.Nazarmämmedow ŞOR AKABALARYŇ SUWLARYNY BIOINЋENER USUL BILEN ARASSALAMAK Zeýkeş suwlaryny bioinžener usul bilen arassalamak usuly ýokary suw ösümlikleriniň we mikro ösümlikleriň (mikroflora) zäherli maddalary, agyr metallary, özüne siňdirijilik we toplamak ukybyna esaslanýar. Suwlary bioinžener usul bilen arassalamagyň başga usullara garanda birnäçe artykmaçlygy bar. Birinjiden, bu usul oba hojalyk önümçiligine gerek bolan suwuň akymynyň uly mukdaryny (5-100 m3/s) arassalamaga 29 mьmkinзilik berэдr. Ikinjiden, hiз hili himreagentleri, elektroenergiýany talap etmeýär. Üçinjiden, hödürlenýän usul ekologiýa tarapdan arassa we töwerekdäki gurşawa hiç hili zyýan ýetirmeýär. Mälim bolşy ýaly, ösümlikleri keselden, zyýanly mör-möjeklerden we hapa-haşal otlardan gorap saklamak üçin ekin meýdanlarynda himiki serişdeler giňden ulanylýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň zeýkeş suwlarynda hlororganiki, fosfororganiki zäherli maddalaryň we nitratlaryň bardygy bellenilýär. Baş çep kenar we Çaltut ene zeýkeşleriň suwlarynda (Lebap welaýaty) geksahloranyň (GHSG)–8,9 x 10-5 ч 1,78 x 10-3 mg/l mukdarda bardygy kesgitlenildi. Derýalyk we Dowdan (Daşoguz welaýaty) ene zeýkeşlerden alnan suwlaryň nusgasynda GHSG geksohloranyň 5 x 10-5 mg/l mukdarda bardygy anyklandy. Эokary suw цsьmliklerinde zyэanly maddalary suwdan saэlap almak we toplamak ukyby bar. Mysal üçin, gamyş we ýeken ösüp oturan meýdançanyň (bioplatonuň) her inedördül metri suwdaky hlororganiki zäherli maddalaryň α GHSG we β GHSG-niň her sekuntda 3 . 10-7 ч 6 . 10-6 – gramyny arassalaэar. Türkmenistanyň tebigy howa şertlerinde açyk zeýkeşiň bir inedördül metrine orta hasap bilen 150-160 düýp gamyş we 55-56 düýp ýeken düşýär. Bu bolsa zeýkeş suwlaryndaky hlor we fosfororganiki zyýanly maddalary özüne siňdirmek üçin ýeterlikdir. Orta hasap bilen ýekeniň we gamşyň bir metr inedördül meýdany hersine degişlilikde zeýkeş suwunyň 0,66 kub. metrini we 0,86 kub. metrini bir gije-gündiziň dowamynda zyýanly maddalardan arassalamaga ukyplydyr. Ýokary suw ösümlikleriň we zeýkeşiň düýbündäki çökündileriň suwdaky biogen elementleri özüne siňdirijilik ukyby örän uludyr. Şeýle-de, suwda biogen elementleri näçe köp bolsa, şonça-da suw ösümlikleri çalt ösmek bilen biomassany emele getirýär we suwuň esasy biogenlerinden iýmitlenýär. Biogen elementleriň ýokary suw ösümlikleriniň çalt ösmegine täsir edýän çäklendirilen toplumy azot üçin: – 250; kaliý üçin – 350; fosfor üçin – 100 mg/l barabardyr. Zeýkeş suwlaryny bioinžener usuly bilen arassalamak, açyk zeýkeşleriň hanasynda suw ösümlikleri ösýän meэdanзanyň gidrawliki hasaplamalary geçirmek, taslamasyny düzmek we gurmak hem-de ony ulanmagyň düzgünini işläp düzmegi öz içine alýar. Suwaryş ulgamlarynda ýokary suw ösümlikleriniň toplumyndan: gamyş, ýeken we beýlekilerden durýan suw ösümlikleri ösýän meэdanзa esasy suw arassalaэjy inћener desga bolup hyzmat edэдr. Altyn asyr Türkmen kölüne barýan Baş şor suw akabanyň içki hojalyk we hojalygara açyk zeýkeşleriň taslamasy düzülende suw ösümlikleri ösýän meýdançada bioplatada ekilýän ýekeniň gürlügi her inedördül metrde 50-60 sany we gamşyňky 100-150 sanydan az bolmaly däldir. Şeýle hem suw ösümlikleri ösýän meýdançada ösümlikleriň hasaplamalardaky gürlügini saklamak üçin ýekeni suw ösümlikleri ösýän meýdançanynyň başynda we gamşy onuň ahyrynda ýerleşdirmeklik maslahat berilэдr. Uly şor suw akabalaryň we zeýkeşleriň kenarlarynda ösýän suw ösümlikleriň we beýlekileriň kökleri, olaryň hanasyny suwarymly ýerlerden gelýän ýerasty suwlarynyň täsiri netijesinde ýykylmagyndan gorap saklaýar. Şonuň üçin şor suw akabalaryň we zeýkeşleriň hanalaryny ekskawatorlar bilen arassalananda diňe olaryň düýbüni arassalamak we kenardaky ösümlikleri galdyrmak maslahat berilýär. “Türkmensuwylymtaslama“ instituty 30 O.Зaryэew, S.Gylyjow, Y.Arazow GARA MALLARYŇ TEЭLERIOZ KESELINI BEJERMEGIŇ TÄZE USULY Gara mallaryň gan parazitar keseli teýlerioz iň howply we agyr geçýän keselleriň biridir. Bu kesel limfoid-makrofagal ulgamynyň we ganyň eritrositleriniň mugthorlary tarapyndan döreýär. Ähli ýurtlarda bu kesele garşy her hili serişdeler ulanylýar, ýüzlerçe dermanlar aýratynlykda we bilelikde synalyp görülýär. Olaryň iň peýdalylary diýlip, antibiotikler we witaminler bilen bilelikde ulanylýan hinosid, bigumal, berenil, azidin, sulfantrol we tripaflawin hasaplanylýar. Emma, muňa garamazdan, keseli ýeňilleşdirýän dermanlaryň gözlegi dowam etdirilýär. Teýlerioz ýüze çykanda bedeniň içki synalarynda uly-uly ýaramaz üýtgeşmeler bolup geçýär, jisimleriň alyş-beriş hadysasy, mineral deňagramlylyk bozulýar. Margansyň, nikeliň we koboltyň ätiýaçlyk toplumlary azalýar. Şonuň üçin kömürturşy misiň, hlorly koboltyň, natriý bikorbanatyň ergininiň we hlorly kalsiýniň patogenetiki bejerişdäki peýdasy ýöne ýerden däldir. Teýleriozy bejermekde saýlanylyp alnan dermanlar we olaryň önümçilik synagy Türkmenistanda bu keseliň ýaýran dürli şertlerinde geçirildi. Geçirilen barlaglar sulfantrolyň antibiotikler hem-de simptomatiki serişdeleri bilen bilelikde ulanylanda gowy netije berýändigini görkezdi (Ç.R.Rahmetow, 1970). Azidini, bigumaly we simptomatiki serişdeleri bilelikde ulanmak hem teýleriozy bejermekde örän peýdalydyr. Bejerginiň peýdasy 90-92% (O.Ç.Çaryýew, D.Hudaýberdiýew, 1975). Teýleriozyň giň ýaýranlygyny, onuň köp ykdysady zyýan ýetirýändigini, oňa garşy ygtybarly dermanyň ýokdugyny we bejerginiň gymmata düşýändigini göz öňünde tutup, biz bu kesele garşy ýüzärligiň alkoloidlerini ulanyp görmekligi maksat edindik. Ilki bilen Çimkentiň himfarmzawodynyň ýüzärlikden öndürýän dermany (garmala) ulanyldy. Ol ýüzärligiň owradylan (üwelen uny), açyk-mele reňkli, özboluşly ysly, turşulyklarda, hloroformda we etil spirtinde oňat ereýän görnüşindäki gury maddasydyr. Derman 2,5%-li spirtli ergin görnüşinde 1,5 mg/kg mukdarda mallaryň wena damaryna sanjyldy. Keseliň ýagdaýyna baglylykda bu dermany 2-5 günüň dowamynda yzygiderli ulanyldy. Adaty ýüzärlikden (Peganum harmala) ýasalan dermany hem ulanyldy. Muny almak üçin 1 kg guradylyp, maýdalanan ösümligiň üstüne 10 litr suw guýup, 24 sagadyň dowamynda 20-25oC ýylylykda saklanyldy. Soňra bu ergini süzüp, çüýşelere guýup goýuldy. Ony 200 ml/100 kg mukdarda keselli mallara her gün içirildi. Derman ulanylmazynyň öň ýany taýýarlanylýar. Ol keseliň ýagdaýyna görä, 2-5 günüň dowamynda ulanylýar. Ýüzärligiň ergini teýleriozyň dürli döwürlerinde ulanylyp görüldi. 15 sany gölede tejribe geçirildi. Bejerginiň berýän netijesi mallaryň umumy ýagdaýyna, bedeniň gyzgynlygyna, keseli geçiriş derejesine we sagalan mallaryň sanyna görä kesgitlenildi. Bejergi başlanylmazyndan öňürti we bejergi geçirilenden soňra, näsag mallaryň umumy ýagdaýy, beden gyzgynlygy, ýürek urşy we dem alşy, aşgazan-içege ýolunyň işleýşi (kiçi garnyň we içegäniň hereketi) we gandaky mugthorlaryň sany (parasitemiýa) kesgitlenildi. Bu barlaglaryň hemmesi protozoologiýada belli bolan usullar arkaly amala aşyryldy. Gan nusgalyklary Romanowskiý-Gimzanyň usuly bilen boýalyp (reňklenip), mikroskopyň immersiýa ulgamynyň kömegi bilen barlanyldy. Mugthorlaryň sany 31 mikroskopyň görünýän meýdanynyň 100-sinde sanaldy. Sagalan mallara 15 günläp gözegçilik (syn) edildi. Tejribede alty sany 5-6 aýlyk göle we goňur-latwiýa tohumyndan teýlerioza durnuksyz bolan üç sany öküz ulanyldy. Göleleri kesel ýüze çykandan soň, ikinji günden başlap, öküzleri bolsa 4-5 günden başlap bejerip başlandy. Bejerginiň öňünden we soňundan irden olaryň umumy ýagdaýy we gyrak-çetki ganyndan alnan çyrşantgylar mikroskop arkaly barlanylyp duruldy. Bejergiden öň mallaryň bedeniniň gyzgynlygy 41,342,1oC aralykda boldy. Mikroskopda barlanylan nusgalarda, ortaça, 61-161 sany mugthor ýüze çykaryldy. Derman alty malda üç gezek, üç malda bolsa bäş gezek ulanyldy, ýagny ol bäş günden köp ulanylmady. Derman 2,5%-li spirtli ergin görnüşinde 1,5 mg/kg mukdarda wena damaryna sanjyldy. Şunuň bilen bir wagtda, bejerginiň ilkinji üç gününde, adaty mukdarda, olara kofein we B12 witamini hem berildi. Bejerginiň 2-3-nji günleri keselli mallaryň hemmesiniň umumy ýagdaýy gowulaşdy, işdäleri açyldy, gyzgynlyklary adaty ýagdaýa (38,6-39,7oC) çenli peseldi. Gan çyrşantgylarynda teýleriýalaryň sany (3-4 çenli) azaldy. Dokuz malyň sekizisi, ýagny 89%-i sagaldy. Gijikdirilip bejerilip başlanandygy sebäpli bir öküz agyr keselläp, bejerginiň 2-nji güni öldi. Çekilen zähmet göz öňünde tutulmadyk ýagdaýynda, bir maly bejermeklik 1000 manada düşdi. Kesellän mallar öz wagtynda bejerilip başlananda, olar 100% sagalýar. Şeýlelikde, gara mallaryň teýlerioz keselini bejermekde ýüzärligiň 1,5 mg/kg mukdardaky 2,5%-li spirtli ergini örän uly peýda berdi. Serişdäniň mallaryň bedeni üçin zyýanly aýratynlyklary ýüze çykarylmady. Bu derman, aýratynam, gymmat bahaly tohuma degişli mallary bejermekde ulanylyp bilner. Häzirki wagtda ýüzärlikden derman ýasalmaýar. Şonuň üçin onuň erginini ulanyp başladyk. Ergin taýýarlamak üçin ösümligiň guradylan görnüşi ulanyldy. Ergin 15 sany keselli mala 200 ml/100 kg mukdarda içirildi. Mallar kesellänlerinden 2-3 gün soň bejerilip başlandy. Bejergi başlanylmazyndan öň, olaryň bedeniniň gyzgynlygy 41,70C-a ýetdi, mugthorlaryň mikroskopyň bir meýdanyndaky sany bolsa 470 boldy. Bejerilip başlanandan 2-3 gün geçensoň mallaryň beden gyzgynlygy 38,8-39,8o aşaklady, umumy ýagdaýlary, ýürekleriniň uruşlary, dem alyşlary gowulaşdy, işdäleri açyldy we gäwüş gaýtaryp başladylar. Mugthorlaryň sany juda seýrekleşip, bir meýdanda 3-4 sanysy duşdy. Mallaryň 13 sanysy sagalyp, 2-si (8%) öldi. Çekilen zähmeti hasaba almazdan, bir maly bejermek 25 müň manada düşdi. Bejerginiň peýdasynyň bardygyny deňeşdirmek üçin, teýlerioz bilen kesellän 10 sany mal saýlanyp alyndy we olar sulfantrol ýa-da azidin, antibiotikler, witaminler we mikroelementler bilen bilelikde ulanylyp, bejerilip başlandy. Olaryň 9 (90%) sanysy sagaldy, soňra bolsa olar soýuldy. Çekilen zähmet hasap edilmände, bir maly bejermeklik 250 müň manada düşdi. Şeýlelik bilen, biziň geçiren barlaglarymyz ýüzärligiň dermanynyňam we ergininiňem teýleriozy bejermekde gowy peýda berýändigini görkezdi. Bu serişdeleriň bedene edýän ýaramaz täsiri ýok. Kesellän mallaryň ýagdaýyna gorä, olary bejermek üçin, mallara derman bäş gezek berilse ýeterlik bolýar. Bu derman elýeterli, ony taýýarlamak aňsat, onuň bilen mal bejermek, himiki bejeriş bilen deňeşdirilende arzan düşýär. Mallary bejermek döwri gysgalýar, çykarylýan çykdajy bolsa 10 esse azalýar. Diýmek, adaty ýüzärlikden derman öndürmeklik döwlet derejesinde ýola goýulmaga mynasypdyr. Mallary bejermekde garmala dermanynyň 1,5 mg/kg mukdardaky 2,5-%-li spirtli ergini, keseliň ýagdaýyna görä, 2-5 günüň dowamynda günde bir gezek wena damaryna sanjylmalydyr. Gara mallaryň teýleriozynda bu derman 89-90% peýda berýär. Çekilen zähmet göz 32 öňünde tutulmazdan, bir maly bejermek üçin edilýän çykdajy 25 müň manada deň bolýar. Bu usul teýleriozy beýleki, meselem, himiki usul bilen bejermekden 10 esse arzan düşýär. Önümçilik şertlerinde gara mallaryň teýleriozyny bejermekde ýüzärligiň ergininiň hem ýokary peýdalydygy anyklandy. Ýüzärligiň erginini keselli mallara 200 ml/100 kg mukdarda 2-5 günüň dowamynda günde bir gezek içirmeli. Mallaryň hemmesiniň doly sagalmaklary üçin, bejergini keseliň dörän badyna başlamaklyk hökmany şertleriň biridir. Munuň sebäbi, teýleriozda bedeniň içki synalarynda döreýän näsazlyklar örän çalt güýjeýär we çäre öz wagtynda görülmese, mallar 5-12 günüň dowamynda ölüme sezewar bolýar. Teýleriozy üstünlikli bejermegiň ýollary keseliň döreýşini jikme-jik bilmeklige we onuň ýany bilen ýüze çykýan beýleki näsazlyklary hem himiki dermanlar bilen bejermäge esaslanmalydyr. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti M.H.Durikow, M.A.Nepesow TЬRKMENISTANDA PISSE TOKAЭ-BAGLARYNY DÖRETMEGIŇ TEJRIBESI Tьrkmenistanyň gurak howa şertlerinde suwy we idegi az talap edэдn miweli agaзlardan tokaэ-baglary цsdьrip эetişdirmek örän wajyp meseleleriň biridir. Şeýle ösümliklerden эurdymyzyň howa şertlerine has uэgunlaşany pisse agajydyr. Türkmenistanda tebigy pisse tokaэlyklary esasan эurdumyzyň gьndogar-gьnortasynda deňiz derejesinden 600-1200 m belentlikde iki uly meэdanda: Serhetabat pisselikleri Guşgy derэasynyň gündogarynda we şol meэdanyň 120 km gьnbatarynda Pul-hatyn pisselikleri эerleşэдr. Bu iki pisse tokaэlyklary Bathyz pisselikleri diэlip atlandyrylэar we umumy tutэan meэdany 75 mьň ga barabardyr. Şeэle hem Kцэtendagyň eteginde Kцэten derэanyň sag kenarynda Hoja Burjy Belent we Boda diэen эerlerinde 15 müň ga golaэ pisselikler эerleşэдr. Uly bolmadyk meэdanlarda pisse tokaэlyklary Gьndogar, Merkezi we Gьnbatar Kцpetdagda duş gelэдr. Umuman, Tьrkmenistanda pisse tokaэlary jemi 100 mьň ga golaэ meэdany tutэar. Tebigy şertlerde ösэдn pisseler ilkinji hasyly 18-20 эaşynda berip başlaэar, эцne emeli dцredilen pisse baglarynda, agrotehniki зareleriň ulanylэan эerlerinde ilkinji hasyly 12-14 эaşynda berэдr. Bathyz pisseliklerinde her miwe berэдn agaз ortaзa 1-2 kg, kдbir agaзlar 10-16 kg зenli hasyl bermдge ukyplydyr. Pisse agaçlary suwarymly we düme ýagdaýda dürli tebigy zolaklarda: dagda deňiz derejesinden 1200-1400 m beýiklikde, dag jülgelerinde (800-1000 m), dag eteklerinde (500-700 m), Merkezi Garagumyň Günorta böleginde, Garrygulda (90 m) ýetişdirilip, şol şertlerde onuň ösüşi we boý alyşy öwrenildi. Institutyň pisse tokaý-baglaryny döretmek boýunça alyp barýan işleriniň esasy maksady, öz эurdumyzda we daşary эurtlatda geçirilen işlere baha berip, şoň esasynda Tьrkmenistanda pissдniň tokaý-baglaryny döretmegiň эollaryny işläp taээarlamakdan ybaratdyr. Ylmy-barlaglaryň dowamynda birnäçe meseleler boýunça işler geçirildi, эagny 33 agrotehniki здreleriň цsьmlikleriň ösüşine täsir edişi öwrenildi, pissдniň saэlama görnüşlerinden baglary döretmek we genetiki nesle geçijiligini öwrenmek, seэle hem hasyllylygyny эokarlandyrmak üçin sapmak işleri эerine эetirildi. Barlag işleri Köpetdagyň eteginde Giňdiwar bölümçede geçirildi. Ekmek üçin Bathyz döwlet goraghanasynyň эerlerinde saэlama tohumlar taээarlanyldy we geçen 5 ýylyň içinde jemi 11,5 ga golaý meýdanda ekiş geçirildi. Ekiş işleri dürli agrotehniki çäreleri ulanmak arkaly geçirilýär, ýagny ýer zolaklaýyn sürülip, şol zolaklarda çukurjyklar gazyp ekmek, tarp ýerlerde, çukurlarda ekmek we ş.m. Barlaglaryň netijesinde agrotehniki çäreler geçirilip pisse ekilen ýerlerde (ýagny zolaklaýyn sürüp agdarmak, hatar aralaryny ýumşatmak, gurak ýyllarda agaçlary suwarmak) tohumlardan 80-92% gögeriş, tarp ýerlerde bolsa 70-80% gögeriş alyndy. Tarp ýerlerde tohumlaryň gögerişiniň oňat bolmagyna garamazdan ösüşiň birinji ýylynyň güýzüne çenli ösümlikleriň 50-80% çenlisi guraýar we guramaklyk soňky ýyllarda-da dowam edýär. Zolaklaýyn sürülip ekilen ýerlerde bolsa birinji ýyl diňe 10-15% guraýar, soňky ýyllarda эitgi ьjypsyz bolэar. Sьrьmli эerdдki цsьmlikleriň bir эyllyk ösüşi tarp эerdдkiden 1,3 esse uly bolэar. Tarp эerdдki цsьmlikleriň pes gцgerijiligini diňe bir suw эetmezзiligi bilen dдl-de, eэsem kцp sanly gemrijileriň bolmagy bilen düşündirilýär. Barlaglaryň netijesinde gemrijileriň ekiş çukurlarynda hin gazyp, эaş ösümlikleri gömýändigi we olaryň ýapraklaryny hem-de şahalaryny iэip zaэalaэandyklary anyklandy. Pisseleriň hasyllygyny эokarlandyrmak we saэlama pisseleri köpeltmek üçin sapmak işleri geçirilэär. Sapmak üçin Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda эerleşэän Türkmenistanyň Ösümlikleriň genetiki gorlar merkeziniň ýerinde 1984-nji эylda pissдniň saэlama görnüşlerinden döredilen pisse bagyndan we Milli institutyň Garrygul tejribe bekedinde ýetişdirilen pisse agaзlaryndan alnan bir эyllyk pyntyklar ulanylэar. Saэlama görnüşlerden alnan pyntyklar, uly ýaşly agaзlaryň şahalaryna sapylэar. Barlaglaryň görkezişi эaly, sapylan pyntyklardan 30-60% gögeriş almak üçin, agrotehniki çareleri ulanmak zerurdyr (sürüm, dyrmyklamak, şahalaryny çyrpmak we dökün bermek). Ylmy-barlag işleriň çäklerinde pissдni polietilen haltajyklarda (konteэnerde) nahalhanada tohumdan эetişdirmek эola goэuldy. Pissдni nahalhanada эetişdirmegiň esasy bдhbitli taraplarynyň biri – цsьmlikleriň эaş döwri olara saэlama pisselerden pyntyklar sapylsa, onda olar tiz hasyla durэarlar. Bir-iki эyldan soň эaşajyk ösümlikleri mydamalyk ösjek эerine gцзirэдrler. Nahallar mydamalyk эerlerinde oturdylanda olaryň arasy 6-10 m, hatar arasy hem 6-10 m зenli bolmalydyr. Her 8-12 sany miwe berэдn agaja bir sany erkek agajy goэulýar. Şu tertipde nahallar oturdylsa, onda her эyl miwe berэän agaçlary tozanlandyrmaga amatly şertler döreэдr. Ikinji tejribe meýdançasy ÇÖHDMI-niň Merkezi Garagumdaky “Garrygul” tejribe meýdanynda ýerleşip, bu ýerde pisse agaçlary ösdürilip ýetişdirildi. Ösüşiň 14-nji ýylynda agaçlaryň birnäçesi hasyl berip, hozlarynyň käbir görkezijileri boýunça tapawutlanýarlar. Geljekde olary seçgi işlerini geçirmekde peýdalanmak bolar. Tejribeleriň görkezişi ýaly, saýlama tohumdan ekilen pisseler özleriniň nesle geçijilik häsiýetini saklaýarlar. Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Зцller, цsьmlik we haэwanat dьnэдsi milli instituty 34 TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN №2 2007 N.Halow DAÝHAN BIRLEŞIKLERINIŇ IŞINI KÄMILLEŞDIRMEK BARADA Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedowyň tagallasy bilen oba hojalyk pudagynda ykdysady özgerişleri geçirmeklik başlandy. Bu guwandyryjy zat, oba hojalygyny цsdürmek, oba ýaşlaryny iş bilen üpjün etmeklik, esasy wezipeleriň biridir. Çünki, эurdumyzyň ilatynyň 53%-den gowragy obada ýaşaýar. Ýaňy-ýakynda “Daýhan birleşikleri hakynda” Türkmenistanyň XX Halk Maslahatynda kabul edilen Kanunynyň rejelenen görnüşi çap edildi. Şonuň ýaly-da “Daýhan hojalygy hakynda” we “Arçynlar barada” Kanunlar kabul edildi. Bu Kanunlaryň berjaý edilmegi oba hojalygyny mundan beýläk-de ýokary depginler bilen ösdürmäge mümkinçilik berer. Oba hojalygyny ösdürmäge garaşsyzlyk ýyllary içinde köp üns berildi. Bazarda oba hojalyk önümleriniň bolçulygy döredi. Ýurdumyz ýaňy-ýaňylar hem däne, un satyn almak üçin ýüzlerçe mln. dollar harçlardy. Indi bu dollarlary oba hojalygyna we beýleki pudaklary ösdürmeklige gönükdirip bolar. Gök-önüm we et bilen ilaty üpjün etmek hem ullakan çözülmesi kyn bolan meseleleriň biridi. Bazar ykdysadyýetine geçmeklik bilen gök-önüm we et müşgilsiz çözüldi. Döwlet ekerançylary ýer we suw bilen üpjün etdi. Ýurdumyzyň oba hojalygynda guramaçylyk işleri düýpli üýtgedildi, öňki kolhoz we sowhozlaryň ýerine daýhan birleşikleri, kärendeçi we potratçy hojalyklary, daýhan hojalyklary döredildi. Soňky wagtlarda ekerançylyk ýerleriniň bir bölegi hususy eýelere we mülkdarlara berlip başlandy. Oba hojalygyna dürli eýeçilik görnüşleri ornaşdy. Oba hojalygyny ösdürmekde ýokardaky kanunlaryň doly berjaý edilmegi uly ähmiýete eýedir. Oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde daýhan birleşikleriniň orny örän uludyr. Bularyň işi akylly-başly gurnalanda diňe oba hojalygyny ösdürmek bilen çäklenmän, oba ýaşlaryny iş bilen üpjün etmekde we obanyň ykdysadyýetini, medeniýetini ösdürmekde ähmiýeti uludyr. Daýhan birleşikleriniň, oba paýdarlar jemgyýetleriniň işini akylly-başly gurnalanda olaryň netijeleri-de ýokary bolýar. XX Halk Maslahatynda “Sadulla Rozmetow” oba paýdarlar jemgyýetiniň başlygy Sadulla Rozmetowyň çykyşyndan belli bolşy ýaly, köp üstünlikleri gazanyp bolýar. Bu birleşikde paýdarlar önümçiligiň ahyr netijesi bilen höweslenýärler, gazanylan peýdanyň bir bölegi paýdarlaryň arasynda paýlanypdyr, işleýän, zähmet çekýän adamlaryň ortaça aýlygy 3 mln. manada barabar bolupdyr. Obada ýollary asfaltlamaga, täze oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga maliýe serişdeleri artypdyr. 35 Esasy Kanunyň, ýagny “Daýhan birleşikleri hakynda” Kanunyň ýerine ýetirilmesi köp derejede kanundan gelip çykýan kararlara, çözgütlere baglydyr. Şol kararlar maksadalaýyk kabul edilende we doly ýerine ýetirilende Oba Daýhan birleşikleriniň netijesi-de gowy bolar. Taslamanyň I babynyň 1-nji maddasynda daýhan birleşigi gatyşyk eýeçilige esaslanýan edara görnüşli tarapdyr diýilýär. Muňa nähili düşünmeli? Döwlet bilen bilelikdemi? Bu hojalyklaryň ustaw hazynasynyň möçberini kim kesgitlemeli? Onda esaslandyryjylar döwlet we daýhan birleşikleriniň agzalarydyr. Eger esaslandyryjynyň bir tarapy döwlet bolsa, onuň ustaw gaznasynda paýy näçeräk bolmaly? Gatyşyk eýeçilik gowy, munda daýhan birleşiklerinde Döwlet tarapyndan, tehnika, maliýe kömegi berler. Ilkinji döredilende olara döwlet tarapyndan ýer peýdalanylmaga berilýär. Şeýle-de, esasy gaznalar we beýleki emläkler berilýär, bu emläkler bölünmäge degişli däl diýlip bellenilen. Şonuň ýaly-da, daýhan birleşiginiň öz serişdeleriniň hasabyna edilen maddy gymmatlyklary, alan girdejileri, şeýle hem birleşigiň ygtyýarynda galýan önüm onuň eýeçiligine degişlidir – diýlip bellenýär. Diýmek, daýhan birleşikleriniň eýesi döwlet we şoňa girýän agzalar bolmaly. Ýene-de anyklanylmaly zat, daýhan birleşiginiň her bir agzasynyň eýeçilik hukugy nähili bolmaly, onuň ykdysady bähbitleri nähili ýüze çykmaly? Eýe, döwlet ýa-da birleşige girýän agzalar birleşigiň netijeli işlemegine, onuň ahyr netijesiniň ýokary bolmagyna höweslenmelidirler. Onuň girdejisiniň, peýdasynyň bir bölegi, ýagny döwlet öňündäki, banklaryň öňündäki borçnamalaryny üzenden soň, ýörite maksatly önümçiligi ösdüriş, durmuşy ösüş we ätiýaçlyk gaznalaryny döredenden soň, galan bölegini birleşik agzalarynyň arasynda paýlanylmalydyr ýa-da durmuşy ösdüriş gaznasynyň bir bölegini şu maksatlar üçin ulanmalydyr. Eger şeýle edilmese, onda olar işiň netijesine höweslenmezler. Mysal üçin, birleşikde agza bolan raýat zähmet rugsadyna çykdy, ol indi pensioner, ol agza bolup galarmy? Eger agza bolup galsa, onda onuň daýhan birleşikde nähili ykdysady bähbidi bolmaly? Daýhan birleşiginde kärendeçi gatnaşyklary, ýagny kärendeçiniň öndürýän önümine berilmeli hak, kärendeçiniň borçlary, daýhan birleşikleriniň borçlary, satylýan önümiň nyrhy, şeýle hem kärendeçä önüm üçin berilmeli paý, daýhan hojalygyny saklamak üçin tutumlar, ýurt boýunça umumyrak bolsa gowy bolardy, kärendeçi haýsy etrapda zähmet çekýändigine garamazdan, deň hak almalydyr. Daýhan hojalygy öz girdejilerinden Türkmenistanyň durmuş ätiýaçlandyrmasyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde serişde geçirýär diýlip bellenilipdir. Beýleki pudaklardaky, dürli eýeçilik görnüşindäki kärhanalar zähmet haky gaznasyndan 20 göterimi möçberinde geçirýär. Daýhan hojalyklaryna bu möçber ilkinji döwürde agyr bolar, ony, biziň pikirimizçe, minimal derejä çenli azaltmaly. Mundan başga-da, bir-iki ýyl mundan öňki beýleki kärhanalardaky ýaly, wagtlaýyn saglygyny ýitirenlere – agzalara şu gaznadan kömek pullaryny bermeklik göz öňünde tutulsa gowy bolardy. Şonuň ýaly-da, olara pensiýa bermekligi we pensiýa ätiýaçlandyrylyşyny ýola goýmaklyk oba zähmetkeşleri üçin guwandyryjy wakadyr. Ýene bir üns berilmeli mesele, daýhan birleşikleri bilen kärendeçiler (potratçylar) arasynda gatnaşyklaryň kadaly bolmagyny üpjün eder ýaly umumyrak düzgünnamalar işlenip düzülse gowy bolardy. Bu daýhan birleşiginiň we 36 kärendeçiniň hukuk-borçlaryny anyklamaga, kanunyň birmeňzeş bolmagyny üpjün edilişine kömek bererdi. Nyrhlar baradaky syýasat barada. Häzirki wagtda, ýagny bazar ykdysadyýeti şertlerinde harytlar (önümler) bazar nyrhy boýunça satylmalydyr, olary bolsa isleg we teklip emele getirýär. Nyrhlar önümçilik we önüm öndürmek bilen bagly harajatlary doly ýapyp, öndürijä peýda getirmeli, pul girdejileri kärhanalarda doly hojalyk hasaplaşygy we öz-özüňi maliýeleşdirmek mümkinçiligini döretmeli. Kanunda daýhan birleşikleri, önümini bazar we döwlet satyn alyş nyrhlary esasynda ýerleşdirip bilýär diýlip görkezilen. Şu ýerde bir zady bellemek zerur. Daýhan birleşiginiň önümini döwletiň adyndan kim satyn almaly? Türkmenpagtamy, Türkmengallaönümlerimi ýa-da Döwletiň pagta arassalaýjy zawodlarymy? Muny anyklamaly, önümler şertnama (kontrakt) esasynda ýerlenip, ilki döwlet borçnamalaryny üzmäge, galan önüm öz ygtyýarynda galyp, ol erkin nyrhlar bilen satylmaly diýlip bellenipdir. Mysal üçin, pagtanyň (süýümi-de bolup biler) we gallanyň döwlet satyn alyş nyrhy nähili bolmaly? Bu örän möhüm mesele. Türkmenistanyň “Daýhan birleşikleri hakynda” Kanunynyň 7-nji maddasynda döwlet satyn alyş nyrhlary we şol nyrhlar boýunça ýerlenilýän önümleriň görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär diýlip görkezilen. Gallanyň (bugdaýyň) häzirki döwlet tarapyndan satyn alnyşynyň peselişini we onuň daýhanyň harajatlaryny ýapmaga ýeterlik däldigi barada XX Halk Maslahatynda çykyp geplänler, şol sanda Sadulla Rozmetow ýaly ömrüni oba hojalygyny ösdürmäge bagyşlan Iri oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň başlygy, baý tejribeli adamlar bu barada teklip aýtdylar. Bu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan-da goldaw tapdy, ol nyrhlary ýokarlandyrmak barada teklibi makul bildi. Hдzirki wagtda pagtaзylykda nyrhlar ьэtgedilmelidir. Biz bu эerde erkin nyrhlar barada gürrüň etmeýäris. Olar ýeterlik derejede ýokarydyr. Pagtaçylykda harajatlar köp görnüşli bolup, olar esasan, şulardan ybarat: tohum, dökün, mehanizasiýa hyzmatlary, awiasiýa hyzmatlary, ösümlikleri goramak, defoliasiýa, ýygym, bank hyzmatlary, zähmet haky, şol sanda dolandyryş apparat üçin, obany saklamak üçin, suw, ýerli ýygymlar, pagtadan süýüm, çigit üçin we beýleki umumy harajatlar. Bu harajatlaryň pagtanyň bir kilogramyna we bir sentnerine düşýäni, önümiň özüne düşýän gymmaty bolup durýar. Bu gymmat ýerden alynýan hasyllylyk näçe ýokary bolsa, şonça-da pesdir. Sadulla Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň 2005-nji ýyl üçin hasaplamalaryna seredeliň. 1. 2005-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 7-si. “Туркменская искра”. Hojalyk 6600 gektara gowaça ekmekligi göz öňünde tutup, şonuň her gektaryndan 35 sentnerden hasyl, jemi 23100 tonna pagta almaklygy göz öňünde tutupdyr. Pagtany öndürmek we arassalamak üçin jemi harajatlar 52593 mln. manat bolup, bir kilogram pagtany öndürmek we pagtany gaýtadan işläp çykarmak üçin harajatlar 2276 manat bolýar, diňe pagtany öndürmek üçin harajatlar 1660 manada golaý bolýar. Döwlete satylýan nyrhlar 1 kilogram =1000 manada deň bolsa, onda pagta düşewünt bermeýär, nyrhlar döwletiň satyn alyş nyrhy artdyrylmandyr. Ady tutulan paýdarlar jemgyýeti şol ýyl öndürilmeli jemi 23100 tonna pagtanyň 25 göterimi – 5775 tonna. 1 37 kilogramyny 1000 manatdan döwlete satmagy, galan 17325 tonnasynyň erkin bahadan – has anygy süýüm lint, übtük (ulýuk), çigitden ýag, künjara (sarýun), şulha öndürip, jemi 140074 mln. manat we umumysy (140074 mln.+5775 mln.) = 145849 mln. manat gazanmagy göz öňüne tutupdyr, ol öndürilmeli pagta (23100 tonna) paýlasaň 145849 mln. manat: 23100 tonna pagta) 1 kg çig pagta – 6313 manat bolýar. Oba hojalygynyň girdejisiniň artmagy her gektardan alynýan hasyllylygyň artmagyna we mallaryň önüm berijiliginiň artmagyna baglydyr. Diýmek, daýhan birleşikleriniň çig pagtasyny satmakdan aljak girdejisi bir kilogramyna 5-6 müň manatdan az bolmasa, onuň şu önümi öndürmäge höwesi artar. Ýaňky ady tutulan hojalygyň jemi arassa girdejisi 89202 mln. manat bolup, onuň 20 göterimi täze tehnika we önümçilik jaýlaryny gurmaga, 40 göterimi ätiýaçlyk gaznasyna, galan 40 göterimi bolsa paýdarlaryň arasynda diwident – paý haky hökmünde paýlamaklyk göz öňünde tutulypdyr, bu bolsa geçen ýylyň netijelerinden belli bolşy ýaly, önümçiligiň mundan beýläk-de ösmegine höweslenmesini döredipdi. Oba hojalygyny ösdürmekde maliýäniň orny iňňän uly bolup, döwletimiz şol pudagy ösdürmek üçin maliýe serişdelerini aýamaýar. Oba hojalyk pudagy salgytlardan doly boşadyldy. Oba hojalygy üçin dünýäde iň kuwwatly we ýokary öndürijilikli tehnikalar satyn alynýar. Meliorasiýa, suwaryş desgalaryny gurmaga, ägirt uly serişdeler gönükdirilýär, tohum hojalyklary ösdürilýär. Häzirki wagtda ekerançylyk ýerleriniň müňlerçe gektary suwarylyp, olaryň ekin dolanyşygyna girizilmegi üçin döwlet tarapyndan her ýyl býujetden milýardlarça manat goýberilýär. Daýhan, kärendeçi hojalyklarynyň oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin gerek bolan mehanizasiýa harajatlarynyň ýarysy döwlet tarapyndan tölenilýärdi. Oba hojalyk kärhanalaryna häzirki wagtda merkezleşdirilen tertipde oba hojalyk tehnikasy bilen kömek edilýär. Oba hojalyk pudagynyň maliýesine täsir edýän şu aşakdaky aýratynlyklar bar. Oba hojalygyna goýlan pul serişdeleri gysga möhletde gaýdyp gelmeýär. Bu bolsa 4-5 aýyň dowamynda pul harajatlarynyň yzygiderli artmagyny talap edýär. Mysal üçin, pagtaçylykda ýylyň başyndan tä güýzüň ahyryna çenli pul harajatlary edilýär, pagtadan pul girdejileri bolsa güýz aýlary girip başlaýar. Şol pul harajatlary ýapmak üçin, ylaýta-da, täze işe başlan döwründe oba hojalyk kärhanalarynyň özünde serişdeler bolmansoň, ol banklar tarapyndan gysga möhletli karz puluň zerurlygyny ýüze çykarýar, oba hojalyk kärhanalaryna önümçilik döwri uzak bolansoň köp pul serişdeleri gerek bolýar, şonuň üçin oba hojalygynda kömek bermek üçin ýörite daýhan banklar ulgamlary döredildi. Daýhan banklary oba hojalyk kärhanalarynyň diňe bir harajatlaryny maliýeleşdirmän, olara wagtly-wagtyna karz pul berip durýar. Şonuň ýaly-da, oba hojalyk önümlerini satmakdan gelen pul girdejilerini Daýhan hojalyklarynyň hasaplaryna wagtly-wagtynda geçirilmegini üpjün edýär. Oba hojalyk önümleri satylyp bolunýança, awans bermekligi ýola goýýar. Şol awansy Merkezi bankyň karz resurslarynyň hasabyna berýär. Soňra oba hojalyk kärhanalary önümlerini satyp bolansoň, alan pul girdejisi bilen hasaplaşyk geçip durýar. Harajatlar, ylaýta-da, oba hyzmaty guramalary işi ýerine ýetirende daýhan, ýerinde ýerine ýetirilen işiň möçberini görkezip, çek ýazyp berýär, Şonuň esasynda daýhan banky oba hyzmatyna daýhanyň hasabyna karz pul berýär, ýa-da oba hyzmatynyň özüne karz berýär. 38 Häzirki wagtda oba hojalygy önümini kärendeçiler haçan-da satan wagtlary ýerinde hasaplaşmak maksada laýyk diýlip XX Halk Maslahatynda çykyş edildi. Ol teklipler goldanyldy. Wagtynda, ylaýta-da, iki aýdan köpräk wagtyň içinde, aýdaly, her 1 million tonna pagtaň 1 kilogramyny 5000 manatdan satyn almaly bolsa, 5 trillion manada golaý nagt pul pagta satyn alýan edaralara, ýa-da Daýhan birleşiklerine karz bermeli bolardy. Halk Maslahatynda çykyş edenler karz üçin berilýän göterimiň iň pes, ýagny 2 göterimden geçmezligini teklip etdiler. Biziň pikirimizçe, bu dogrudyr. Çünki, oba hojalygy köp ýurtlarda bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda-da hemmetaraplaýyn, ylaýta-da, döwlet tarapyndan kömege mätäçdir. Oba hojalygynda dolanyşyk serişdeleriniň ätiýaçlygyny döretmek zerurdyr. Oba hojalyk kärhanalarynda dolanyşyk serişdeleri şu aşakdakylardan ybarat: – esasy we kömekçi materiallar; ýangyç we elektroenergiýa; organiki we mineral dökünler; tohum we her hili şitiller, nahallar; mallar üçin iým, iýmit, däridermanlar; taýýar önümler; ätiýaçlyk şaýlar, gap-gaç, halta, ýüp we ş.m.; gutarylmadyk önümçilik; pul serişdeleri. Biziň pikirimizçe, oba hojalygynda diňe gatyşyk eýeçilige we daýhan hojalygyna esaslanan önümçiligi ýola goýman, şereket eýeçiligine (hyzmatdaşlyk) esaslanan hojalyklaryň hereket etmegine, şeýle-de, hut döwlet eýeçiligine esaslanan iri hojalyklaryň hereket etmegine ýol açmaly. Kooperatiw (hyzmatdaşlyk) kärhana meýletin esasda döredilip, onuň işine her bir agzasynyň şahsy gatnaşmagyna esaslanýar. Bu hojalyklar diňe bir önümçilikde däl, oba hojalyk önümlerini satmak ugurlarynda işini gurnasalar erbet bolmazdy. Oba hojalygyndaky iri paýdarlar jemgyýetine esaslanan käbir hojalyklar öz durmuşa ukyplylygyny görkezdiler. Seýle bolansoň olaryň hereket etmegine mümkinçilik bermeli. Şereketler önümlerini erkin bazar nyrhlarynda satsa, girdejisiniň ýa-da peýdasynyň bir bölegini agzalarynyň arasynda paýlasalar, onda her bir agzasynyň onuň işiniň ahyr netijesine höweslenmesini artdyrardy. Olarda hut daýhan birleşikleri ýaly ýeri kärendä bermek, hakyna tutup işletmek esasynda önüm öndürip bilerdiler. Beýle kooperatiwler bazar ykdysadyýeti ösen ýurtlarda-da hereket edýär. Tьrkmen halk hojalyk instituty Kabul edilen wagty 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 3-i N.Khalov ON IMPROVING ACTIVITY OF DAIKHAN ASSOCIATIONS Agriculture is one of the key branches of the national economy of Turkmenistan. The new law on Daikhan associations passed by XX Khalk Maslahaty on Novruz (March) 30, 2007, envisages the introduction of different elements of economic relations through the establishment of powerful Daikhan associations. In order to realize the aforementioned law, one should pass by-laws aimed at the improvement of activity of Daikhan associations, accurate definition of the state’s share in the statutory funds, regulation of purchasing prices, regulation 39 of deductions to the social insurance, head’s election by dint of a secret vote, etc. One should increase considerably the profitability of the agricultural production. In order to provide the population with the job, it is also proposed to establish largescale farms at the expense of the public funds on the newly developed territories. In the agriculture, one should arrange the production on the basis of mixed and peasant farms founded on the production property, as well as large-scale farms with the governmental form of property. A cooperative enterprise is established on a voluntary basis wherein every member participates individually in its work. Positive results can be secured provided that the farms take part not only in the production of farm commodities but in their realization as well. Farms founded on the basis of large-scale joint-stock companies, have proved to be sustainable to the demands of the times in the agriculture. One should grant them the opportunity to exist further more. Enterprises will be interested in the final result of the activity under the assumption of independent realization of products at their free commercial value. The aforementioned enterprises, as well as peasant associations, could have carried out the land’s grant on lease and employment of the manpower for the manufacture of products. Such cooperatives function in the countries with the developed market economy. Н.Халов ВОПРОСЫ СОВЕРШЕНСТВОВАНИЯ ДЕЯТЕЛЬНОСТИ ДАЙХАНСКИХ ОБЪЕДИНЕНИЙ Cельское хозяйство является одной из ведущих отраслей народного хозяйства Туркменистана. Новый закон о Дайханских объединениях, принятый на ХХ Халк Маслахаты 30 Новруза 2007 года, предусматривает внедрение различных элементов хозяйственных отношений через создание мощных Дайханских объединений. Для реализации данного закона, необходимо принятие подзаконных актов, направленных на совершенствование работы Дайханских объединений, уточнение доли государства в уставных фондах, регулирование закупочных цен, регулирование отчислений на социальное страхование, выбор руководителя закрытым голосованием и т.д. Необходимо значительное повышение рентабельности сельскохозяйственного производства. Для обеспечения населения работой, также предлагается создание на вновь осваиваемых территориях крупных хозяйств за счет государственных средств. В сельском хозяйстве необходимо наладить производство на основе смешанных и крестьянских хозяйств, основанных на производственной собственности, а также крупных хозяйств с государственной формой собственности. Кооперативное предприятие создается на добровольной основе, где каждый член кооператива индивидуально участвует в его работе. Добиться хороших результатов можно при условии, если хозяйства будут принимать участие не только в производстве сельскохозяйственных продуктов, но и в их реализации. Хозяйства, основанные на крупных акционерных обществах, в сельском хозяйстве показали свою устойчивость к требованиям времени. Необходимо дать им возможность существовать и дальше. Предприятия будут заинтересованы в конечном результате деятельности при условии самостоятельной реализации продукции по свободной рыночной стоимости. Эти предприятия, также как и крестьянские объединения, могли бы осуществлять сдачу земли в аренду и наймы рабочей силы для производства продукции. Такие кооперативы действуют в странах с развитой рыночной экономикой. 40 A.Esen TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGYNYŇ ÖSÜŞ SEPGITLERI WE ILERI TUTULÝAN UGURLARY “Ekiniň enesi – ýer, atasy – suw” diэlip altyn-zere deňelýän dirilik hem rysgal çeşmesi bolan suwuň bolçulygy, ýaşaýşyň we durmuşyň, bereketiň baş özeni hasaplanýar. Türkmenistanda “Ýer hakynda”, “Suw hakynda” bitewi Kanunlaryň kabul edilmegi, ýaňy-ýakynda bolup geçen Türkmenistanyň XX Halk maslahatynda, olara uly ьns berilmegi we bu iki mukaddesligi tygşytly, aýawly we netijeli peýdalanmagy möhüm wezipe edip goýulmagy, olaryň döwlet derejesinde ileri tutulmagynyň kepilnamasydyr. Ýer, suw halkyň, ýurduň, döwletiň baş baýlygydyr, rysgal-döwletliligiň, bereketiň hemişelik, tükenmez gorudyr. Ýurdumyzyň suw baýlyklaryny aýawly hem netijeli peýdalanmak, esasanam, olaryň oba hojalygynda deň-derman tygşytly harç edilişini alyp barmak, ähli akabalaryň ulanylyşyny ýöretmek, şeýle-de, ähli gurulýan suw desgalarynyň anyk taslamalaryny taýýarlap, desgalandyryp durmuşa geзirmek Tьrkmenistanyт suw hojalyk ministrligiň baş wezipesidir. Şanly Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň suw hojalygy galkynyşly derejede özgerip, uly sepgitlere ýetdi. Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrligi öz düzüminde jemi 15 müň işgäri, şol sanda müňlerçe tejribeli hünärmeni, işjanly mehanizatorlary, sürüjileri, suw ulanyş gözegçilerini, ekin meýdanlarynda zähmet çekýän 715 miraby, taslamalary dьzэдn inћenerleri, ylmy işgärleri birleşdirýär. Ministrlik dьnэд irrigasiэasynda gцrnьkli suw desgalaryny taslamakda we gurmakda, on müňlerçe kilometrlik suw akabalaryny, suw gorlaryny yzygider ulanmakda hem abat saklamakda, şeýle-de, ýer gazyş-gurluşyk işlerini ýokary tehnologiýaly maşynlaşdyrmakda abraýly görkezijileriň eýesidir. Ýurdumyzyň milli suw gorlarynda esasy orun Amyderýa degişlidir. Jeýhunyň baş sakasyndan suw alýan Garagum derýasy, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň (şol sanda Türkmen derýasy) özbaşdak sakalary ähli suwuň 90 göterimdenem gowragyny tutýar. Ýene-de möwsümleýin suw akabaly Murgap, Tejen we beэleki kiзi derэalar bar. Türkmenistanyň häzir hereket edýän öz hususy suw howdanlarynyň taslama göwrümi 3,1 milliard kubmetre, hakykysy-da ortaça 2,5 milliard kubmetre deňdir. Bugdaý, gowaça we gaýry ekinler boýunça suwarymly ýerleriň (2,3 million gektar) udel agramy Ahalda 27,7, Maryda 25,5, Daşoguzda 24,7, Lebapda 15,8 hem Balkanda 6,3 göterime barabardyr. Ýene-de dцrt эyldan 130 milliard kubmetr taslamaly – Türkmen kölüniň ulanyp başlanmagy bilen, bu görkezijileriň tapawutlanjakdygy mälimdir. “Ýeriňi bejermeseň aç galarsyň, ýabyňy arçamasaň puç galarsyň” diýlişi эaly, hojalygara we içki hojalyk suwaryş akabalaryny hem zeýkeş ulgamlaryny arassalamak, şeýle-de, Garagum derýa, Türkmen derýa, suw howdanlarynyň durkuny täzelemek, olary yzygider gцzegзilikde saklamak, ekin meэdanlaryna, bag-bakjalara, melleklere, ilatly ýerlere, dürli halk hojalyk pudaklaryna barmaly suwuň ýoldaky ýitgisini azaltmak suw işgärleriniň jana-jan borjy bolup durýar. Tutuş ýurdumyz 41 boýunça hojalygara hem içki hojalyk suwaryş akabalarynyň umumy uzynlygy 42 müň kilometrden, zeýkeş ulgamlarynyň uzynlygy-da 23 müň 255 kilometrden ybaratdyr. Geçen ýylda welaýatlaryň suwaryş akabalaryny arassalamakda jemi 14 müň kilometrlikde iş geçirilip, ol meэilnamadakydan 1,9 esse ýokarydyr. Şu ýyl bu çäräni 23,6 müň kilometrde geçirmek göz öňünde tutulýar. Welaýatlarda ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin zeýkeşleri arassalamakda jemi 28,4 müň kilometr uzynlykda iş ýerine ýetirildi, onuň meýilnamadan birneme pes bolandygyny hem aýtmak gerek. Onuň esasy sebäbi, suw akabalarynyň arassalanmagynyň has ileri tutulmagy bilen düşündirilýär. Bu çäre Ahalda 2,8, Maryda 2,2, Lebapda 1,6, Balkanda 1,3 we Dasoguzda 1,2 esse berjaэ edildi. Ministrlikde merkezleşdirilen maýa goýumlaryny özleşdirmek, onuň merkezi edaralarynda, welaýatlaryň suw hojalyk önümçilik birleşiklerinde gurluşyk-gurnama işl eri boýunça alnyp barylýar. 2006-nj y ýylda jemi özleşdirilen maýa goýumy 450,2 milliard manada ýetirilip (şol sanda gurluşykgurnama işleri 369,1 milliard manat), ol ýyllyk meýilnamadan 107 göterim, (öňki ýyldanam 20 göterim) ýokarydyr. Onuň 56,3 göterimi Türkmen kölüniň gurluşygy we 4,1 göterimi Garagum derýasynyň suw geçirijilik ukybyny artdyrmak ýaly sebitara iri gurluşyklara degişlidir. Paýtagtymyz Aşgabatda Arçabil çaýyny abadanlaşdyrmak, Ahal welaýatynda Sarahs etrabyna suw geçirmek üçin maşyn kanalyny gurmagy dowam etdirmek işleri geçen ýylda amala aşyryldy. Mary welaýatynda alnyp barlan esasy suw gurluşyklaryna Hanhowuz we Saryýazy suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek, Murgap etrabynda Эasyldepe-Minara maşyn kanalyny gurmak degişlidir. Jemi 63,7 milliard manatlyk (ýurdumyzyň içki gurluşyklarynyň 46 göterimi) iş geçirilen Lebap welaýatynda, esasan hem, ekerançylyk üçin özleşdirilýän uly geljegi bolan tarp ýerlerdäki täze kanallaryň we akabalaryň gurulmagy häsiýetlidir. Olara Ýylangyz, Esenmeňli, Çepkenar we Saýat-Nowhana kanallarynyň gurluşygy hem abadanlaşdyryş çäreleri girýär. Ýene-de welaýatda “Garaşsyzlygyň 15 ýyly” (Zeýit) suw howdanyny, ЭapaзNarazym kollektoryny, Ýokarky Çarşaňňy baş suw sakasyny, Amyderýanyň kenarýakasyny abadanlaşdyrmak giň gerime eýe boldy. Garagum derýasynyň arassalanmagynda we suw geçirijilik ukybyny artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolan “Garaşsyzlygyň 15 ýyly” suw howdanyny giňeltmek we durlamak boýunça işleriň möçberi welaýatdaky suw gurluşyklarynyň 79 göterimini tutýar. Daşoguz welaýatynda amala aşyrylýan esasy suw gurluşyk çärelerine Şasenem ýaýlasynda Tagta suw howdanyny gurmak we Şasenem kanalyny abadanlaşdyrmak, tarp ýaýlalarda melioratiw işlerini alyp barmak, şeýle-de, Türkmen derýasynda tarazy binalamak ýalylary goşmak bolar. Suw hojalyk ministrliginde ýer gazyjy-gurluşyk işlerinde ulanylýan tehnikalaryň we awtoulaglaryň Garaşsyzlyk ýyllary içinde esasy durkunyň täzelenmegi, kuwwatly, ýokary iş öndürijilikli iň kämil we oňaýly daşary ýurt mehanizmleriniň ulgamynyň döredilmegi guwançly bellenmäge mynasypdyr. Olaryň içinde Ýaponiýanyň “Команцу”, ABŞ-yň “Katerpiller” we “Keэs” kompaniэalaryndan alnan dьrli kysymly ekskawatorlaryň 470 töweregi hem buldozerleriň 370-den gowragy, skreperleriň, awtogreýderleriň onlarçasy, şeýle-de, 42 GDA ýurtlaryndan getirilen ýa-da özümizde gurnalan läbik sorujylaryň 246-sy we beýleki mehanizmleriň onlarçasy bar. Satyn alnan daşary ýurt tehnikalarynyň ýarpysy soňky dört ýyla degişlidir. Hдzir umumylykda suw gurluşyklarynda ekskawatorlaryň 660-a, buldozerleriň 470-e golaэy işledilэдr. Şu 2007-nji эylda daşary эurtlardan 36 buldozerleriň we ekskawatorlaryň gelmegine garaşylýar. Ýene bir bellemeli hoş habar, şu ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 20-sine gol зekilen Hцkьmet karary esasynda, “Команцу” ýapon ýer gazyjy tehnikasynyň uly tapgyry, şeýle-de, suw sorujylar, dürli enjamlar we ätiýaçlyk şaýlary satyn alnyp, olar ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilýär. Olaryň umumy bahasy 98 million amerikan dollaryna deňdir. Ýük awtoulaglarynyň guratlarynyň möçberi 800-e golaýdyr. Olaryň esasy bölegini “MAZ”, “Ural”, “KrAZ”, “KAMAZ” kysymly ýük göteriji maşynlar tutýar. “Serdar sowgady” ýazgyly äpet ýük ulaglaryna ähli suw gurluşyklarynda duşmak bolэar. 2006-njy ýylda Aşgabat şäherinde ministrligiň täze tehniki hyzmat ediş merkezi açyldy, bu ýerde daşary ýurt tehnikasyny öz güýçleri bilen abatlamak we hyzmat ediş işleri guralýar. Bu merkezde suw gurluşykçy mehanizatorlaryň uly tapgyryny taýýarlamagyň göz öňünde tutulmagyny hem bellemek gerek. “Iň beýik minaranyň-da düýbi ýerden başlanýar”. Suw hojalyk ministrliginde alnyp barylýan desgalandyryş we abatlaýyş işleriniň köpüsi, ministrligiň “Türkmensuwylymtaslama” döwlet suw hojalyk ylmy-önümçlik we taslama institutynda düzülen inženerçilik ylmy taslamalara, şeýle-de, ylmy işgärleriň gurluşyklardaky awtorlyk gözegçiligine esaslanýar. 2006-njy ýylda geljekki gurluşyklaryň (jemi 61 sany) gözleg-taslama işleri we beýlekiler boýunça 27,2 milliard manatlyk iş ýerine ýetirildi. Biz iş saparlarynda Altyn asyr Türkmen kölüniň, “Dostluk” suw howdany bendiniň gurluşyklarynda, howdanlaryň, derýalaryň, kanallaryň abadanlaşdyryş işlerinde bolup, türkmen suw gurluşykçy alymlarynyň işläp taýýarlan dünýäniň irrigasiýa ülňülerine laýyk ýokary inžener çözgütlerini görüp guwanmak miýesser etdi. “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň ýerine ýetirýän taslama-gözleg işleri has ähmiýetlidir. Olara suwarymly we tarp ýerleri özleşdirmek hem suwlandyrmak, kanallary, kollektorlary, gatlalary (tarazlary), howdanlary, nasos stansiэalaryny, ponton geçelgelerini gurmak boýunça taslamalar degişlidir. Bu onlarça taslama-gözleg işleriniň içinde täze tehnologiýa esasynda Ruhabat etrabynda gök ekinleri we baglary damjalaýyn usuly bilen suwarmak işi ünsüňi özüne çekýдr. 2006-njy ýylda onuň jemi 1,4 milliard manatlyk möçberi işlenip taýýarlanypdyr. Beýik Serdarymyzyň başyny başlan, suwy iki esse tygşytlaýan bu öňdebaryjy usul boýunça göreldeli Ruhabat etrabynda jemi 3 müň gektar ýeri suwarmak göz öňünde tutulýar. Bu işi “Garagumderýa suw hojalyk” önümçilik birleşiginiň ýöriteleşdirilen “Damja” gurluşyk-ulanyş edarasy alyp barýar. Şu ýerde “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň işgärleriniň taslanan gurluşyk işleriniň ýokary hilli we ekologiýa taýdan netijeliligi üçin 2002-nji ýylda “Ýewropa Altyn ýyldyzy derwezesi” ýaly abraýly halkara baýraklara, şeýle-de, ýaşuly alym Omar Rejebowyň Suwy we zeэ suwlaryny 43 ulanmak baradaky Halkara toparynyň diplomyna mynasyp bolandygyny guwançly bellemek isleýäris. Häzir ýurdumyzdaky akaba suwlarynyň peýdaly ulanylyşy 60 göterime golaэdyr. Ony эokarlandyryp, azyndan 75 gцterime эetermek дhli suw we oba hojalyk (ekeranзylyk) işgдrleriniň jana-jan borjudyr. Milli baэlygymyz bolan suw gorlaryny tygşytly hem aэawly ulanmaga ilki bilen “Ekini bitirэдnem suw, эitirэдnem suw” diэen ata-baba pendine uэup, suwuň эolda-эapda эitmдn, bisarpa akdyrylman, gije-gьndiz gцzegзiliksiz – eэesiz goэulman, boş эere, zeэkeşlere kowulman, эerleri zeэletmдn-şorlatman, onuň her katrasynyň ekinleriň dьэbьne baryp bereketli hasyla цwrьlmegini gazanmak parzdyr. Şeэle-de, эerleriň melioratiw, suw-duz эagdaэyny kadalaşdyrmak ьзin aзyk, эapyk we ene (hojalygara) zeэkeşleriň gцmlьp эa-da gamşa basdyrylyp, gцzgyny bolman, hemişe arassalanyp, зuňaldylyp jüňňürdдp işlдp durmagy, miraplaryň, suwзy daэhanlaryň bolsa altyn dдnesine deňelэдn suwy zaэalaman, эuwuş suwlaryny tutmaga ьnsi gьэзlendirmekleri zerurdyr. Suwuň, zeэkeş ulgamyny doldurmak ьзin dдl-de, eэsem ekin ьзin zerurdygyna düşünmegimiz gerek. Эene-de goşmaga здreler hцkmьnde: эuwaň zeэ suwlaryny sьэji suwa goşup duza зydamly ekinde we эeňil toprakda ulanmak, эerasty sьэji suwlaryny agyz suwa we ekeranзylyk maksatlaryna gцnьkdirmek, akabalar boэunзa mцwsьmleэin ekinleri saэlap, amatly эerleşdirmek, şoňa gцrд ekinleri suwarmagy gezekleşdirip guramak, keşlдp-gerişlдp suwarmagy we pelleriň möçberini kadalaşyrmak, эerasty suwaryş, эagyş эagdyrmak hem damjalaэyn suwaryş işleriniň amatly, ykdysady netijeli usullaryny ornaşdyrmak, lagym suwlaryny peэdalanmagy artdyrmak (ol hдzir эylda 150 million kubmetre deňdir, ony dцrt esse artdyrmak meэilleşdirilэдr) эalylary gцrkezmek bolar. Şu эylyň Nowruz aэynyň 30-yna Mary şäherinde bolup geзen Tьrkmenistanyň XX Halk Maslahatynda, эurdumyzyň oba hojalygyny dьэpli цzgertmek we onuň netijeliligini эokarlandyrmak meselleri iň эokary – dцwlet derejesinde giňden ara alyp maslahatlaşyldy. Ekeranзylyk we oba senagat toplumyň Tьrkmenistanda эokary derejд gцterilişini doly ьpjьn etmek ьзin, tьrkmen obasyny doly цzgertmek ьзin, beэleki maddy-tehniki serişdeler bilen bir hatarda, milli baэlygymyz bolan suw serişdelerini aэawly hem tygşytly ulanmak, olaryň ekeranзylykdaky peэdaly tдsirini artdyrmak, gidrotehniki desgalaryň gurluşygyny hem abadanlaşdyrylmagyny зalt depginde alyp barmak, akabalaryň we zeэkeşleriň arassalanmagyna ьnsi güýçlendirmek, suwaryşda iň tдze progressiw tehnologiэalary ylmy esasda цnьmзilige giň ornaşdyrmak işleriniň ileri tutulэan ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň Oba hojalyk minsitrligi 44 Kabul edilen wagty 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 3-i A.Esen STAGES OF DEVELOPMENT OF WATER ECONOMY OF TURKMENISTAN AND ITS PERSPECTIVES The article observes the productional and project-research activity of subdivisions of the Ministry of Water Industry of Turkmenistan and reveals the works on rational use of water resources, exploitation of water-industrial objects especially of inter-economy and inside-economy irrigations and drainage water collectors, 65 thousand kms of total length. The resolutions of the XX-th Peoples’ Council of Turkmenistan under the leadership of the President G.M.Berdymuhammedov have targeted the water economy system of Turkmenistan to realization of the most advanced scientifically based technologies of irrigation of agricultural crops, land improvement, raising irrigation system efficiency up to 75%, intensive equipping of water-industrial objects with services and utilities. The project works carried out and applied in industry by “Turkmensuvylymtaslama” Institute are of international standards, some of them, such as “Dostluk” reservoir damb, the Turkmen lake of the Golden Age and “Turkmenderya” system complex are unique in the world hydrostructural practice. А.Эсен ЭТАПЫ РАЗВИТИЯ И ПЕРСПЕКТИВЫ ВОДНОГО ХОЗЯЙСТВА ТУРКМЕНИСТАНА В ст атье дается обзор производственной и научно-проектной деятельности структур Министерства водного хозяйства Туркменистана. Указаны и проанализированы работы по рациональному использованию водных ресурсов, эксплуатации водохозяйственных объектов, а т акже межхозяйственных и внутрихозяйственных оросителей и коллекторнодремажной сети, общая протяжённость которых достигает 65 тысяч километров. В свете решений ХХ Халк Маслахаты Туркменистана под руководством Президента Г.М.Бердымухаммедова перед службой водного хозяйства страны на фоне бережного использования водных ресурсов предстоит претворение в жизнь самых передовых, научно обоснованных технологий по орошению сельскохозяйственных культур (капельное и подпочвенное орошение, “дождевое” использование минерализованных вод и др.), по улучшению мелиоративного состояния земель и увеличению КПД оросительной системы до 75 процентов, а также интенсивное благоустройство водохозяйственных объектов. Многие проекты, разработанные и внедрённые в жизнь сотрудниками института “Туркменсувылымтаслама”, по своей масштабности и решению отвечают требованиям международных стандартов, некоторые из них, такие как водохранилищная плотина “Достлук”, Туркменское озеро Золотого века и комплекс системы “Туркмендерья” не имеют себе равных в мировой гидростроительной практике. 45 G.Mämmedow GOWAÇANYŇ HASYLLYGYNYŇ SEÇGÄ WE TOHUMÇYLYGA BAGLYLYGY Häzirki wagtda gowaçanyň seleksiýa işinde düýpgöter üýtgeşik we örän hasylly sortlaryny döretmekde seleksiýanyň häzirki ulanylýan usullary düýpli özgerişikler döredip bilmeýär. Sebäbi sort döredilende onuň hasyllylygy, aýratynam, süýüminiň hili gibrid we mutantlarda beýleki ylymlaryň, ýagny genetikanyň, fiziologiýanyň, biohimiýanyň, sitogenetikanyň, anatomiýanyň, mikologiýanyň, fitopatalogiýanyň, entomologiýanyň, molekulýar biologiýanyň, wirusologiýanyň gazananlaryny ulanyp seljerme işlerini geçirmän, diňe seleksioneriň duýgusyna esaslanyp sort döredilýär. Beýle usulda dörän täze sortlar özleriniň hil aýratynlyklaryny basym üýtgedýär we önümçilikde uzak durmaýar. Täze sortlar, esasanam, tiz bişýän, 70-80 s/ga hasyl berýän, gozalary bir wagtda we deň açylýan, ýagny 85-90% hasyly birinji sortdan we sowuk urýança bişýän bolmaly. Täze sortlaryň süýüminiň hili, süýümiň çykymy we çigidiniň ýaglylygy dokma kärhanalarynyň kada-kanunlaryna doly laýyk gelmeli. Mysal üçin, süýüminiň çykymyny 1% ýokarlandyrsaň, 10-15 müň tonna artykmaç süýüm almak bolýar we çigidiň ýaglylygyny 1% galdyran halatymyzda artykmaç 5 müň tonna ýag almak bolýar. Bulardan başga-da täze sortlar kesele we mör-möjeklere garşy durnukly bolmaly. Bu netijeleri gazanmak üçin seleksiýa işine talap has-da güýçlenýär we ugurdaş ylymlaryň gazananlaryny ulanyp bilmese, seleksionerler beýle uly netijäni gazanyp bilmezler. Munuň üçin seleksioner örän köp zatdan baş çykarmaly we öz işini gowy bilýän hünärmen bolmaly. Häzirki zaman genetikasyndan, fiziologiýadan, biohimiýadan, immunologiýadan we beýlekilerden baş çykaryp bilýän, tejribe işine ussat we degerli netije çykarýan hünärmen bolmaly. Süýümiň hili barada aýdylanda, sorty döretmegiň täze usulyny işläp düzmeli we ol gowaçanyň hemme sypatlaryny özünde jemleýän – tiz bişekligi, hasyllylygy, gozanyň ululygy, süýümiň çykymy ak pagtanyňky ýaly, süýümiň aýratynlyklary we gozasynyň sany boýunça ýüpek pagtanyňky ýaly bolmaly. Täze sortlar mehanizmler bilen bejergä we ýygyma gabat gelmeli, şonuň üçin hem gowaça düýpleri dykyz we ýykylmaýan, ýatmaýan baldakly, köp hasylly bolmaly. Biziň günlerimizde gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin örän köp mukdarda gymmat bahaly defoliantlary, desikantlary ulanmaly bolýar. Ulanylýan zäherli jisimler we olaryň galyndylary, bizi gurşap alýan tebigaty, howany zäherleýärler. Şonuň üçin hem seleksionerleriň gaýry goýulmasyz meseleleriniň biri hem ýapragyny ilkinji gozasy açylan badyna özi düşürýän täze sortlaryny döretmekden ybarat. Gowaçanyň ýabany görnüşleriniň arasynda ýapragyny özi düşürýänleri bar, olar ýaly mutantlar we gibrid ugurlar hem bar. Olaryň bu sypatlaryny sortlara geçirmek üçin donor hökmünde ulanmaly. Gowaçanyň ekin meýdanlary ýyl geldigiçe demirgazyga tarap süýşýär, bu ýagdaý bolsa gowaçanyň doly bişip ýetişmegi üçin gerekli ýylylygyň 46 ýetmezligine eltýär, şonuň üçin selekesionerleriň öňünde ýene-de bir wajyp mesele örboýuna galýar, ol bolsa örän tiz bişek sortlaryny döretmeklik. Aýdylanlardan başga-da, biziň gowaça ekýän ýerlerimiz köpçülikleýin şorlaşan topraklar, üstesine-de, suwy tygşytly ulanmagy hem doly derejede başarmaýarys. Bu mesele-de täze sortlarda öz çözgüdini tapmaly. Täze döredilýän sortlar sowuga-da çydamly bolmaly. Bular ýaly sortlardan pagta meýdanlary ir boşaýar we ol meýdanlara aralyk ekin ekmeklige doly mümkinçilik döredýär, ol bolsa güýz sürüm döwründe topragyň aşagyna düşüp, topragy organiki dökünler bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Ähli seleksionerleri we seleksiýa ýardam berýän beýleki ylymlaryň wekillerini bir merkeze jemläp seleksiýa işi hemmetaraplaýyn öwrenilmelidir. Şeýle edilende önümçilikde özüniň hasyllylygyny, süýüminiň hilini, tiz bişekligini, kesellere durnuklylygyny uzak ýyllaryň dowamynda, eger-de tohumçylyk işi oňat ýola goýlan bolsa saklanýar. Täze sortlaryň synagyny, tohumçylygyny, köpeldiş işini hem şol merkezlerde geçer ýaly etmeli. Täze döredilen sortlara, goý, hünärmenleriň özleri üýşüp baha bersinler. Beýle ýagdaýda seleksiýa işiniň netijeliligi we hili genetiki tejribeleriniň derejesine, dünýä ylmynyň we tehnikasynyň gazananlaryna, ulanylýan usullara doly derejede bagly bolýar we dörän sort arassa izogenno-geterozigot populýasiýa görnüşinde emele gelýär. Biziň bu pikirimiziň amala aşmagy üçin, birinjiden, hojalyk sypatlary gowy täze ugurlary tejribe esasynda ýüze çykarmaly we işiň dowamydna sypatlara: tiz bişekligine, hasyllylygyna, süýüminiň hiline we çykymyna, çigidiň ýaglylygyna, kesellere we mör-möjeklere, gurakçylyga we sowuga çydamlylygyna, şora durnuklylygyna, düýbüň çugdamlylygyna, ýapragynyň özi düşýänligine jogap berýän genleri saýgarmaly we ş.m.; ikinjiden, uzak ýyllaryň dowamynda sortuň durnuklylygyny saklar ýaly seleksiýanyň we sortlary ýerleşdirmäniň usullaryny işläp düzmeli; üçünjiden, hemme genetiki we seleksiýa tejribelerini biohimikler, fiziologlar, sitogenetikler, anatomlar, mikologlar, fitopataologlar, entemologlar we beýlekiler bilen bilelikde geçirmeli; dördünjiden, görnüş we kowum arasyndan alnan gibridleşdirmegiň üsti bilen ýabany görnüşden medeni görnüşe genleri geçirmegiň usulyny işläp düzmeli, başgaça aýdylanda, hromosomyň we geniň ýabany ugrunyň, görnüşiň içinden alyp sorta geçirmegiň tejribesini ýaýbaňlandyrmaly; bäşinjiden, gowaçanyň tebigy we industirlenen mutasiýasynyň mehanizmini gowaçada giňden öwrenmeli we gerekli himiki we radiasion mutasiýany almagyň ýollaryny işläp düzmeli. Seleksiýa işiniň önümliligini artdyrmak üçin seleksiýada işleýän hünärmenleri gowaçanyň gelip çykan ojaklaryna, seleksiýa üçin ilkinji maýalyklary ýygnap getirmek üçin daşary ýurtlara iş saparlary bilen ugratmaly. Täze döredilen ugurlaryň ýylyň dowamynda 2-3 arkasyny barlamak üçin häzirkizaman gurallary, biotron, fitotron, iň bolmanda teplisa hojalygyny seleksiýa merkezlerinde gurnap bermeli. Täze sortlaryň süýüminiň hilini hemmetaraplaýyn öwrener ýaly merkezleşdirilen dokma-seljerme, tär (tilsimat) barlamhanalary bilen üpjün etmeli. Elita-tohumçylyk işini düýpli gowulandyrmak üçin her pagtaçylyk merkezlerde ýöriteleşdirilen elite hojalyklaryny we pagta arassalaýan kiçi kärhana gurmaly. Bu 47 ugurdan alym hünärmenler bolsa, elita-tohumçylygyň we tohumçylyk ylmynyň häzirkizaman kämil usullaryny işläp düzmeli hem-de elita-tohumçylyk hojalyklara hödürlemeli we tohumçylygyň senagat usulyna geçmegine ýardam etmeli. Täze, geljegi bar hasylly we süýüminiň hili boýunça dünýä nusgalyklaryna gabat gelýän sortlary döretmek örän kyn, jogapkärli iş we köp ýyllaryň dowamynda ýerine ýetirilýän iş. Seleksioner alymdan köp zehinini, aňlylygyny, güýjüni, kuwwatyny sarp etmeli bolýar. Şonuň üçinem täze sort döreden alymlary we oňa ýardam beren işgärleriň hemmesini, işleýän edarasyny höweslendirmegiň täze adalatly ýollaryny işläp düzmeli hem-de sortuň awtory hasap etmeli. Täze döredilen sortlaryň igläp ýitip gitmezligi we süýüminiň hiliniň pese düşmezligi, hasylynyň azalmazlygy üçin onuň tohumçylygyna aýratyn üns bermeli. Tohumçylygy tohumçylyk hojalyklaryna tabşyrmak üçin olary tohum çigitler bilen üpjün etmegiň 3 sany ýoly bar: täze sortuň populýasiýasyny döretmek, ony gerek mukdarda köpeltmek we sortuň hojalyk sypatlaryny başda berlişi ýaly, ütgetmän saklamak. Soňky iki şerti biri-biri bilen gatyşdyrmaly däl, sebäbi olaryň biri-birinden düýpgöter üýtgeşik manysy bar. Biri sorty köpeltmek barada, beýlekisi sort aýratynlyklaryny saklamak barada. Täze sort önümçilikde ekilýän ýyllarynda sortuň naýbaşy tohumyny sorty dörediji seleksioner berse sortuň hilem, hasyllylygam peselmez. Nebsimiz agyrsa-da, häzir sorty dörediji seleksioner 2-3 ýylyň dowamynda sort önümçilige ornaşdyrylandan soň, sortuň tohumyny ýekebara seçgi görnüşinde öndürip berýär we soňra saýlantgy tohumy tohumçylyk hojalyklaryň özleri öndürip başlaýar, seleksioner bolsa ol işden bir ýana çekilýär. Sortuň naýbaşy, saýlantgy tohumlaryny sorta hiç hili dahyly ýok hünärmenler öndürýärler. Täze sortuň ekilýän meýdanyna baglylykda onuň tohumçylygy bilen birnäçe tohumçylyk hojalyklar, dürli howa şertlerinde işläp başlaýarlar. Bu hojalyklarda seçgi, arassalamak, sorta meňzeş dällerini aýryp zyňmak işlerini tohumçy hünärmenler ýerine ýetirýärler. Eger-de seleksioneriň özi öz sortuna naýbaşy we saýlantgy tohumlaryny taýýarlasa, onda ýokarda aýdylan dawwalar bolmaýar. Bu meseläni seleksioneriň nähili çözýänligine bolsa soňraky Döwlet synag we gözegçi tohumçylyk seljermeler jogap berýär. Soňraky tohumyň birinji, ilkinji arkalaryny döretmek işlerini tohumçylyk hojalyklar we kärendeçiler ýerine ýetirýärler. Ýokarda aýdylanlardan ugur alsaň, sortuň tohum öwrülişiginiň taslamasy aşakdakylar ýaly bolmaly. Sortlar hiç mahalam arassa urugly bolmaýar, şonuň üçinem esasy genetiki ütgeşmeler aşakdakylar: 1. Mehaniki garyşmalar. 2. Tebigi tozanlaşmak. 3. Mutasiýalar. 4. Tebigy seçginiň esasynda allel genleriň üýtgeşmeleriniň san gatnaşygy. 5. Şoňa meňzeş üýtgeşmeleriň seleksioneriň seçgisi esasynda emele gelmegi. 6. Sort populýasiýasynyň geterozigot gatnaşygynyň ýitmesi. 48 Okyjynyň ünsüni çekjek bolýan zadymyz, soňky 3 sebäp. Ýagny olar tohumçylyk işimizde ýerine ýetirilmeýär we tohumçylyk baradaky instruksiýalarda ýok. Şol bir wagtyň özünde, aýratynam, ol üç sebäbiň esasynda sortlar ilkibaşdaky hojalyk üçin gymmatly sypatlaryny ýitirýär. Sortuň üýtgemeginiň esasy sebäpleriniň birem kybapdaş garyndy metisligini (geterozigotlygyny) ýitirmesidir, sebäbi häzirki sortlarymyzyň hemmesi diýen ýaly gibridleşdirme usulynda döredilendir, şonuň üçinem olar dürli jyns öýjükleriň birleşmesinden durýar. Bu bolsa olaryň oňaýly tarapy. Şonuň üçinem gowaça özözünden tozanlanýan ösümlikleriň hataryna girse-de, belli bir derejede keseden tozanlanýanlygy sebäpli yzygiderli ýekebara emele seçgi onuň dürli jyns öýjükleriniň ösümlikleriň neslinde ýitip gitmegine eltýär we olar kybapdaş bolup galýar hem-de hojalyk sypatlaryň, tohumlaryň ýaramazlaşmagyna eltýär. Bular ýaly ýagdaý bolsa sortuň ýitip gitmegine eltýär. Şu hili ýagdaýda seleksionerler nädip sortuň başdaky hasyllylygyny we süýümiň hilini saklaýarlar? Olar aşakdaky usullary ulanýarlar: 1. Sorta meňzeş hasylly gowaça düýplerinden köpçülikleýin seçgi alýarlar we olaryň tohumlaryny ekişe saýlantgy hökmünde taýýarlaýarlar. Seçginiň mukdary 40-50 müň ösümlige barabar bolmaly we her ýylda 400-500 seçgi ekişe, 10 ýylyň dowamynda saýlantgy hökmünde ulanylýar. Şonça wagt geçenden soň ýa sort täze döredilen sort bilen çalşyrylýar ýa-da täzeden şonça mukdardaky seçgi gaýtadan alynýar. Bu usul bilen işlenilende süýüminiň hili seljerilmeýär. 2. Meýdany sorta meňzeş bolmadyk ösümliklerden arassalamak. Bu usulda meýdan sorta meňzeş bolmadyk we keselli ösümliklerden arassalanýar, galanlary saýlantgy hökmünde ýygnalyp, ekiş üçin tohumlyk edip ulanylýar, bir bölegi bolsa ýene-de şolar ýaly tejribe geçirmek üçin ulanylýar. Ol bolsa daş-töwereginde saýlantgy tohum ekilen meýdanlaryň ortasynda ýerleşdirilýär. Bu usul alym pagtaçylaryň aýtmagyna görä, erbet netije berenok. Bu usulda dürli ýyllarda döredilen saýlantgy tohumlar biribirleri bilen deňeşdirilmeýär. 3. Görnüşiň (sortuň) ortaçasyny almak. Her ýyl meýdanda 6 müň ösümlik ekilýär. Olaryň arasyndan iň gowy hasylly, daşky sypatlary boýunça meňzeş 300-500 ösümlik saýlanyp alynýar. Olarda çigidiň agramy, süýümiň uzynlygy we çykymy ölçenilýär. Onuň esasynda alnan sanlara matematiki seljerme berilýär. Her sypat boýunça ýalňyş netije görkezenleri hasapdan çykarylýar. Bular ýaly seljerme her sypaty üçin aýratyn edilýär. Galan tohumlary garyşdyryp, saýlantgy tohum alynýar. Bu usulda alnan tohumlyk çigitler nesil arkalarynda barlanylmaýar we görkezilen alamatlary daşky howa şertleriniň täsiri astynda üýtgemekleri mümkin, şonuň üçinem sort özüniň garyndy metisligini populýasiýada ýitirmegi mümkin we sortuň ýitip gitmegine eltmek gorkusy bar. 4. Hatarlaryň neslini barlamak. Bu usul hem beýlekiler ýaly, ýöne bu usulda sortlaryň içinde emeli çakyşdyrma geçirilmeýär. Saýlantgy ekilen meýdançada göz çaky bilen boldugyça köp ösümlik seçilip alynýar. Sypatlary boýunça barlamhanada seljerme geçirilip, ýaramaz netije 49 görkezenleri zyňylyp aýrylýar. Indiki ýyl her ösümlik çigidi aýratyn hatarlara ekilýär. Emele gelen her maşgala seleksioner aýratynlykda baha berlip, ýaramaz maşgalalar hasaba alynmaýar. Galan maşgalalaryň hasyly bilelikde ýygnalýar. Olar bolsa saýlantgy tohum almak üçin maýalyk bolup hyzmat edýär. 5. Hatarlaryň we ugurlaryň neslini gaýtadan barlamak. Bu usul öňki usuly giňeltmek. Munda her maşgala birnäçe ýylyň dowamynda gaýtalanmalaryna aýratynlykda baha bermek we ol iş bir ýyla çekýär hem-de seleksiýa işine gaty meňzeş bolýar. Hakykatda, bu hili seçgi sorty gowulandyrmak üçin ulanylýar. 6. Pedigri sistemasy. Hakykatda, bu usul köp ýyllaryň dowamynda her ýyl gaýtalanýan ýekebara seçgi. Bu usulda müňlerçe ýekebara seçgilerden tä birnäçe oňat uruglar alynýança dowam etdirilýär. Bu usul seleksiýa işinde gowy bolsa-da, tohumçylykda gaty bir öwerlikli däl. Sebäbi munda, aýratynam, seleksioner işlese sortuň düpgöter üýtgemigi mümkin. 7. Tohumlyk çigitleri saklamak we ätiýaçlyk. Seleksion uruglar sort hasabyna giren gününden başlap, seleksioner saýlantgy tohumlyk çigidiň belli bir mukdaryny ammara salyp ýygnap goýýar hem-de her ýyl diňe gerek mukdardakysyny birinji arka almaga, ekmek üçin berýär. Eger-de sort 10 ýyllap ekiljek bolsa, şol döwre ýeter ýaly tohumlyk naýbaşy tohumdan 3 tonnasyny taýýarlap goýulýar we her ýyl 300 kg tohumlyk berilýär. Eger şu düzgün gaýtalanan ýagdaýynda, täzeden seçgi alynýar, onda bolsa seçginiň täsiri astynda sort igläp, öňki sypatlaryny ýitirýär. Ol bolsa sortuň giň meýdanlarda ekilmegine päsgel berýär. Ýokarda agzalan usullaryň içinde iň göwnejaýy ilkinji ýekebara seçgini köp alyp, ätiýaçlykda saklamaklykdyr we her ýylda geregiçe köpeltmeklikdir. Çünki, beýle edilende, sortuň başdaky genotipiki dürlüligi doly sypatda saklanyp galýar we tohumyň hilem, hasyllylygam, özüne mahsuslygam saklanýar. Bulardan başga-da, seçginiň netijesinde allel genleriň mukdar (san) gatnaşygam ütgemän galýar. Bular ýaly ýagdaýda diňe tohumçylyk işiň dowamynda sorty gowulandyrmak mümkinçiligi ýok. Bilermenleriň aýtmagyna görä, tohumçylyk işinde yzygiderli her ýylky ýekebara seçgi sorty gowulandyrmaga beýle-de dursun, gaýtam, sorty gaty zaýalamagy gaty ähtimaldyr. Eger-de täze sort uly bolmadyk meýdanlarda ekilse, onda onuň tohumçylyk işini sorty dörediji seleksioneriň, beýleki ekinlerde edilişi ýaly, özi haýsy usuly dogry tapsa, şol usulda hem tohumçylygyny alyp barmaly, gürrüň naýbaşy we saýlantgy tohumlary öndürmek barada barýar. Eger-de tohumçylyk işini tohumçy hünärmen alyp barsa, onda hökmany suratda sort içi tozanlanmany ýola goýmaly, bu bolsa soruň başdaky genotipiki dürlüligini saklamaga kömek eder, ýogsam sort özüniň başdaky gowy sypatlaryny ýitiräýmegi mümkin. Tohumçylyk işini alyp barmak juda kyn. Haçan-da sort giň meýdanlarda ekilip, 50 onuň tohumçylygy bilen birnäçe elita hojalygy işleýän bolsa, onda şol hojalyklar tohumçylygy köpçülikleýin ýekebara seçgi esasynda nesil arkasyny barlamak usulynda alyp barsalar, tohumçylyk üçin niýetlenen sortlar gürrüňsiz tohumlara ýaramaz täsir edýän ýagdaýa düşýär. Elita hojalyklaryň dürli ekologiki şertde bolanlygy üçin tebigy seçginiň täsiri astynda allel genleriň mukdar gatnaşygynyň üýtgemegi emele geler. Bular ýaly gatnaşyk emeli seçgide-de bolup biler, sebäbi her tohumçy özüniň ussatlygyna görä seçgi işini alyp barar. Ol bolsa köpeldilýän nesliň kem-kemden kemelmegine elter we 2-3 ýylyň içinde hil-hili sortuň görnüşleriniň emele gelmegine sebäp bolup, näçe elita tohumçylyk hojalygy bolsa, şonça-da sortuň görnüşiniň emele gelmegine elter. Bu hereketi saklamagyň ýa-da gowşatmagyň ýeketäk ýoly, ol hem elita hojalyklaryň tohumlaryny biri-biri bilen sortara çakyşdyrmak işini geçirmeli. Diňe sort içinde emeli usulda çakyşdyrma sortuň başdaky hojalyk sypatlarynyň daşky görnüşini bir syhly, içki nesil esasy boýunça dürlüligini saklar. Bu işi tohumçy hünärmen örän ussatlyk bilen ýerine ýetirmese, tohumçy hünärmeniň ähli eden işini puja çykaraýmagy ähtimaldyr. Şonuň üçin elita hojalyklar biri-birleri bilen her ýyl tohum alşyp-berşip durmaly. Aýdylanlar täze gowy sortlaryň tiz döremegine we önümçilige ornaşmagyna özüniň döredijilikli täsirini ýetirer. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Pagtaçylyk ylmy-barlag instituty Kabul edilen wagty 2007-njy ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 15-i K.Mammedov INFLUENCE OF SELECTION AND SEED-GROWING UPON THE COTTON CROP CAPACITY The modern sorts of cotton should be of 70-80 ce/he crop capacity, fastripening, stable to droughts, diseases and pests. Ignoring the modern achievements of molecular biology, plants genetics and other sciences bring to changes of primary qualities of the new sorts and their degeneration. New methods of selection should be worked out taking into consideration the needed (high) quality of fine-fibre cotton. Salt-stableness, cold-stableness and fastripening enable to alternate the crops and decrease the harvesting waste of diseases and pests. Amalgamation of researchers of different fields of science and specialists at one highly equipped scientific centre would further the raise of such growths of cotton, promote all – round tests of sorts, their primary seed-growing and reproduction, fibre tests at experimental weaving units, organization of collections of seeds from cotton hot-beds through the world and so on. New methods of elite and seed-growing activities should be worked out. 51 Special elite seed-growing units and mini-cotton plants should be established by such scientific centres. The reproduced seeds of one and the same sort of cotton taken from different elit seed units located in different soil-climatic conditions should be mixed up. К.Маммедов ВЛИЯНИЕ СЕЛЕКЦИИ И СЕМЕНОВОДСТВА НА УРОЖАЙНОСТЬ ХЛОПЧАТНИКА Современные сорта хлопчатника должны быть урожайными до 70-80 ц/ га, скороспелыми (90% сырца l-гo сорта), устойчивыми к засухе, болезням и вредителям. Игнорирование селекционерами современных достижений молекулярной биологии, генетики растений и других наук приводит к изменению первоначальных качеств и скорому вырождению нового сорта. Для селекции необходимо разработать новую методику с упором на высокое качество тонкого волокна. Габитус компактного и урожайного куста с естественным предуборочным листоопадением должен отвечать требованиям механизированного возделывания и уборки экологически чистого хлопка. Солевыносливость, холодостойкость и скороспелость позволят чередовать культуры в полевом севообороте и снижать потери от болезней и вредителей. Объединение разнопрофильных учёных и специалистов в едином информационно и технически оснащённом научном центре содействует скорейшему достижению целей. Так, под полным контролем авторов должны проводиться комплексные испытания сортов, их первичное семеноводство и размножение, испытание волокна в опытно-экспериментальном ткацком производстве. Следует организовать коллекцию и сбор семян из мировых очагов происхождения хлопчатника, их испытание в фитотроне, биотроне и в поле с выделением полезных признаков и контролирующих их генов, разработать условия стабильного сохранения признаков при сорторазмещении, разработать методы гибридологического или иного переноса нужных генов и хромосом, методы химической и радиационной мутаций. Предлагается разработать и внедрить современные методы элитной и семеноводческой деятельности, для чего при каждом научном центре следует открыть специализированное элитно-семеноводческое хозяйство и минихлопзавод. Размножаемые семена одинаковых сортов из находящихся в различных почвенно-климатических условиях элитных семхозов предлагается смешивать путём обмена и внутрисортовой гибридизации. 52 O.Sцэьnow, N.Taэlakow PESTISIDLERI WE NITRAT DÖKÜNLERINI ULANMAKLYGY KADALAŞDYRMAKLYGYŇ UGURLARY Oba hojalygyny dьэpgцter цzgertmek we tebigaty goramak baradaky gцrkezmelerden ugur alyp, цsьmlikleri goramak meselesine aэratyn uly ьns berildi we dьэpli ьэtgeşmeler girizildi. Oba hojalyk ekinleriniň zyýankeşlerine, kesellerine, haşal otlaryna garşy utgaşdyrylan göreş çäresi işlenilip, önümçilige üstünlikli ornaşdyrylyp başlandy. Utgaşdyrylan göreş çäresiniň esasy maksady fitosanitar ýagdaýy gowulandyrmak, zyýan berijileriň görnüşlerini, ýaýraýşyny öňünden çaklamak, anyklamak, ekinlere ideg işlerini kämilleşdirmek, peýdaly mör-möjekleri netijeli ulanmak, zyýankeşleriň ekinlere zyýan berip biljek derejelerini anyklamak we olaryň sany kesgitlenen derejeden geçensoň, himiki serişdeleri ylmy esasda, rejeli peýdalanmaklygy maksada laýyk hasap edýär [3]. Diýmek, has howply ýagdaýlarda pestisidleri ulanmaklygyň hökmany zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin olary diňe zerurlyk bolan, ýagny zyýankeşler hasyla howp salýan wagtynda, diňe ýüze çykan ýerinde ulanmaly. Ulanylmazyndan öňürti olaryň daşky gurşawa edýän täsiri baradaky ekotoksikologiki häsiýetleri öwrenilmelidir. Bu meselä seljerme berlende şeýle görkezijilere aýratyn üns berilmelidir: – toprakda dargaman saklanyjylygy; toprak biotasyna edэдn tдsiri; toprak gatlaklarynda hereketlenişi; цsьmlik synalaryna tдsiri; gün şöhlesiniň täsirinde dargaýşy; ösümlik önüminde toplanyşy; howada saklanyşy; suwda saklanyşy; uçujylygy, bugarman saklanyşy; adamlar we haэwanlar ьзin awulylygy; adam we haýwan bedeninde toplanyşy. Şu görkezijileriň netijelerini jemläp, pestisidleri awulylyk derejeleri boýunça 4 synpa (1 – az, 2 – orta, 3 – howply, 4 – örän howply) bölýärler. Şu seljermeleriň netijesinde kärendeçilere, hünärmenlere mümkin boldugyça 1-2 synplara degişli aşakdaky serişdeleri ulanmaklyk maslahat berilýär: ü gowaзada raundap, fiэzilad, targa-super gerbisidlerini; bronotak, witawaks tohum awulaэanlaryny; talstar, desis, konfidorinsektisidlerini; dropp-ultra, finiş-defoliantlaryny; ü dдneli ekinlerde illoksan, topik, hussar gerbisidlerini; diwident, winner tohum awulanэanlaryny; tilt, granit, alto fungisidlerini; arriwo, bazudin insektisidlerini ulanmaly. Pestisidleriň ulanylyşynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we daşky gurşawy tämiz saklamak maksady bilen olaryň ulanylyşynyň kämilleşen ugurlary teklip edilýär. 1. Pestisidleriň tiz dargaýan, ýokary netijeli, daşky gurşawa az täsir edýän görnüşlerini saýlamak. 2. Olaryň saýlap täsir edýän, peýdaly mör-möjeklere zyýansyz görnüşlerini ulanmak. 3. Un, ergin görnüşlerinden başga digir-digir, aýrezol, kapsulaly görnüşlerini saýlap almak. 4. Tohumlary berk эapylэan tohum awulaэjy enjamlarda awulamak. 53 5. Çäklendiriji (ulanylyş möçberi, wagty) şertleri doly talaba laýyk üpjün etmek. 6. Pestisidler daşalanda, saklananda we ulanylanda ähli howpsuzlyk çärelerini doly berjaý etmek. Oba hojalyk ekinlerinden gowy harytlyk hili bolan, ekologiki taýdan arassa, ýokary hasyl almak hem-de olaryň dürli kesellere durnuklylygyny artdyrmak üçin ilkinji nobatda ekin ekiljek ýerlere ýerli we mineral dökünleri göwnejaý ulanyp, topragy ýokumly iýmit maddalary, esasan hem azot, fosfor we kaliý bilen baýlaşdyrmak iň esasy çäreleriň biridir. Ekinleriň toprakdaky suw-iýmit düzgüni talaba laýyk berjaý edilen ýerlerde ösümlikde kökden we ýaprakdan (fotosintez) iýmitleniş ýokary depginde geçýär. Iýmit maddalary bilen doly üpjün edilen ösümlikler az keselleýär. Oba hojalyk ekinlerinde duşýan keseller, esasan, iýmit ýetmezçiliginde ýüze çykýar. Ähli oba hojalyk ekinleri ösüş döwrünin birinji ýarymynda, ýagny gögerenden gülleýänçä azody we fosfory, hasyl synalary emele gelýän döwri – fosfory we kalini has köp talap edýär. Şeýle-de, gök ekinlerden kelem, salat ýaly ýapragy iýilýänler azody; sugundyr, kartoşka – kalini; pomidor – fosfory; hyýar – fosfory we kalini köp özleşdirýänligi bilen tapawutlanýar. Kelem kelle emele getirýänçä azody, kelle emele getirýän döwri fosfory we kalini köp özleşdirýän bolsa, pomidor hasyla duranda azody we kalini köp özleşdirýär. Hyýar hem ösüş döwrüniň birinji ýarymynda azody, fosfory köp özleşdirýän ekinlere degişlidir. Sogan soganlygy emele gelýänçä azody, soganlygyň emele gelýän we ösýän döwri – fosfory we kalini güýçli talap edýär. Bakja ekinleri-de ösüşiniň ilki döwri azody fosfordan we kaliden köp özleşdirýär. Eger-de, ekinlere azodyň ýokarlandyrylan mukdary ýa-da diňe özi ulanylsa, onda azot organiki birleşmeleriň – aminokislotalaryň, beloklaryň düzümine girmekden basga-da, azot kislotasynyň duzlary – nitratlar görnüşinde ýaprakda, hasylda toplanýar. Ösümligiň bedeninde nitratlar kadaly saklananda nitratreduktaza, nitritreduktaza fermentleriniň täsirinde ammiaga çenli dikelýär. Emele gelen ammiak degidrogenaza fermentleriniň täsirinde ketokislotalara birlesip, aminokislotalary emele getirýär. Nitratlaryň ammiaga çenli dikelmegi, aminokislotalaryň sintezlenmegi, esasan, ösümlikleriň kök ulgamynda, klubenlerde, köki miwelide geçýär. Ilkinji bolup glutamat, asparatdegidrogenaza fermentlerinin kömegi bilen glutamin we asparagin kislotalary sintezlenýär. Bu aminokislotalar gaýtadan aminirlenme ýoly bilen aminotransferaza fermentleriniň täsirinde beýleki aminokislotalary emele getirýär. Ösümlikde nitrat azody köp toplananda nitrat-, nitritreduktaza, glutamin-, asparaginsintetaza fermentleri degislilikde ammiagy we aminokislotalary emele getirmäge ýetişmeýär. Şonuň üçin nitratlaryň dikeldilmedik bölegi ätiýaçlyk görnüşinde ýaprakda, hasylda toplanýar. Ýaprakda, hasylda toplanan nitratlar ösümligiň özüne zäherli täsir etmeýär. Emma olar artykmaç mukdarda toplansalar mallara we adamlara uly zyýan ýetirmekleri mümkin [2, 4, 5]. Haýwanlarda, adamlarda nitratlar garyn we aşgazan ulgamynda, garyn-içege ýollarynda nitritlere öwrülýär. Nitritler gan damarlaryna geçip, gemoglobiniň düzümine girýär. Belli bolsy ýaly, gan ähli öýjüklere, dokumalara gemoglobine 54 birleşen kislorody getirýär. Nitritler bolsa kislorod bilen öwrülişikli täsirleşmä girip, gemoglobinde kislorodyň ornuny tutýar we oksigemoglobin birleşmesini emele getirýär. Şeýle-de, gemoglobine kislorod birleşende-de, aýrylanda-da onuň düzümindäki demir iki walentliligini (Fe2+) saklaýar. Kadaly ýagdaýda demir hemişe iki walentli bolýar. Nitritler gana geçende gemoglobini metgemoglobine çenli okislendirýär. Demir iki walentli ýagdaýyndan üýtgäp, üç walentli görnüşe öwrülýär (Fe2+ → Fe3+). Şu ýagdaýda ganyň gyzyl reňki goňur reňke geçýär. Metgemoglobin özüne kislorody birleşdirip bilmeýär. Netijede, ganyň iň esasy wezipeleriniň biri bolan – kislorody bütin bedeniň hemme ýerine geçirijilik wezipesinden mahrum bolýar. Bedende kadaly dem alyş bozulýar. Nitratlar bedende nitritlerden başga-da, nitrozamidler, nitrozaminler ýaly bedene güýçli we örän ýaramsyz täsir edýän, jynsy öýjüklerde mutasion özgerişleri geçirýän birleşmeleri-de emele getirýär. Bu maddalaryň täsirinde dogabitdi keseller, ýürek-gan damarlary, öýkeni keselli çagalar dünýä inýärler. Şeýle-de, sarylama, akganlylyk, azganlylyk, demgysma, zeperli çişler (rak) ýaly howply keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär. Şular ýaly howply kesellerden goranmak üçin dökünleri, aýratyn-da azot dökünlerini ylmy esasnamalara salgylanyp, dogry ulanmak maslahat berilýär. Dürli ylmy maglumatlar boýunça mallaryň ot-iýminde gury maddanyň hasabyna nitratlaryň saklanyşy 0,1-0,4 göterimden geçmeli däldir. Eger şu görkezijiden nitratlaryň mukdary köp toplansa, onda ol ot-iým mallar üçin zäherli hasaplanýar. Görkezilen mukdaryň tapawudynyň köp bolmagy otuň mukdaryna, otuň we mallaryň görnüşine bagly bolýar. Garassyz, baky Bitarap Türkmenistanda azyk howpsuzlygy doly üpjün edildi. Ýurdumyz öz öndürýän gallasy bilen ilatymyzy bolelin ekleýär. Häzirki döwürde azyklyk önümleri bol öndürmek bilen bir hatarda, ýokary hil sypaty bolan azyk we ot-iým önümlerini öndürmek meselesi aýratyn uly orun tutýar. Belli bolşy ýaly, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň hiline zyýanly mör-möjeklere, ekinleriň kesellerine garşy ulanylýan dürli awuly pestisidler hem-de azot dökünleriniň nädogry ulanylmagy nitratlaryň artykmaç toplanmagyna düýpli täsir edýär. Şeýle ýagdaýda otiým we azyk önümlerinde nähili ýol bilen nitratlaryň we pestisidleriň saklanyşyny azaldyp ýa-da öňüni alyp, ekologiki taýdan arassa gowy hilli önümi öndürmeli diýen sorag ýüze çykýar. Bu soraga gysgaça şeýle jogap hem bermek bolar, ýagny azot dökünlerini, pestisidleri ylmy esasda dogry ulanmaly. Ýurdumyzyň toprak-howa şertinde mineral dökünlerden ekologiki arassa hasyl almak üçin gök we bakja ekinlerine diňe mineral dökünleri ulanman, olary ýerli dökünler bilen utgaşdyryp ulanmak maslahat berilýär. Bu ekinlerde nitratlaryň saklanyşyny düýpli azaltmak üçin güýz sürüminiň öň ýany ýere fosfor dökünleri bilen gektara 20-30 tonna ýarym çüýrän dersi ýa-da ýerli dürüşde döküni ulanmaly. Ýurdumyzda millionlap tonna galla öndürilýär we bugdaýyň hasyly ýygnalandan soň, ekin meýdanlarynda ummasyz köp mukdarda saman galýar. Şol samany kagyz senagaty, ot-iým üçin ulanmakdan başga-da 3:1 gatnaşygynda derse goşup hem-de bu garyndynyň her bir tonnasyna 10 kilogram ammiak selitrasyny we 20 kilogram superfosfaty garyp, 3-4 aý çygly we ýapyk ýerde çüýredilende gara mallaryň dersinden hem güýçli dürüşde dökün alynýar. Eger gara mallaryň dersiniň 55 1 tonnasynda ortaça 5 kilogram azot, 1,5-2 kilogram fosfor we 4-5 kilogram kaliý saklanýan bolsa, dürüşde döküninde azodyň mukdary 8 kilogram, fosforyňky 3 we kaliniňki 6 kilograma çenli ýokarlanýar. Häzir ýurdumyzyň medeni sebitlerinde bakylýan mallardan 12 million tonna golaý ders almak mümkinçiligi bar bolsa, ondan 15-16 million tonna dürüşde dökün öndürmäge mümkinçilik döreýär. Her ýylda 1 gektar meýdanyň hasabyna 30 tonnadan ulanylanda-da, her ýylda 500 müň gektar ýeri gurplandyryp, mineral dökünleriň ulanylýan möçberini ortaça 1,5 esse azaltmak boljak. Ders, aýratynam, güýçlendirilen dürüşde döküni ýokary hil sypaty bolan ekologiki taýdan arassa hasylyň iň elýeterli we arzan çeşmesidir. Biziň geçiren tejribelerimize görä, diňe mineral dökünler ulanylan ýerlerden 50 sentnere çenli galla we pagta hasyly alynýan bolsa, mineral dökünleriň azaldylan möçberinde 30-40 tonna dürüşde dökün berlende gowaçanyň we bugdaýyň hasyllylygy 60 sentnerden-de geçýär. Gawunyň Garrygyz sortunyň hasyllylygy 350 sentnere ýetýär. Düzümindaky gantlylyk 17-18 göterim bolup, nitratlaryň saklanyşyda rugsat edilen çäkden ýokary geçmeýar. Ýerli, organiki dökünleriň has amatlysy gyzyl kaliforniýa gurçugynyň öndürýän biogumysydyr. Ekin meýdanynyň her gektaryna 30 tonna ders ulanylýan bolsa, biogumusyň 1 tonnasy ýeterlikdir. Gök-bakja ekinleriniň her düýbüne 500-600 g, miweli baglaryň nahallaryna 800-900 g biogumus berilse, hasyllylyk 1,5-2 esse ýokarlanýar. Biogumusy ýyladyşhanalarda ulanmak has-da amatly. Sebäbi ýapyk şertde ders ulanylsa, ondan bölünip çykýan merkaptan gazlary işleýänler üçin zyýanlydyr. Şonuň üçin ýyladyşhanalarda zyýankeşlere garşy pestisidleri az ulanyp, peýdaly mör-möjekleri (altyngözlije, fitoseýulus) we biogumusy ulanmak örän ähmiýetlidir. Hasylda nitratlaryň saklanyşyny azaltmagyň ýene bir has täsirli çäresi – azot, fosfor, kaliý dökünlerini 1,0 : 0,7 : 0,3 gatnaşykda ulanmakdyr, ýagny ýere dökülen her 56 100 kilogram azoda 70 kilogram fosfor we 30 kilogram kaliý döküni berilmelidir. Şeýle-de, gök-bakja ekinlerine azot dökünleri, esasan, ekinler hasyla durýança – gülläp başlaýança ulanylmalydyr. Geçirilen barlaglara, tejribelere görä, gök-bakja ekinleriniň hasylynyň ýygnalmagyna 35-40 gün galandan soň, azot dökünlerini ulanmak gowy netije bermeýär. Onuň esasy sebäbi-de hasylda nitratlar artykmaç toplanyp başlaýar. Dökünler dogry gatnaşykda sazlaşdyrylyp ulanylanda ösümlik keselleri az ýüze çykýar. Hasylyň hili has gowulanýar, gök-bakja ekinlerinde gantlaryň, witaminleriň, kartoşkada krahmalyň, şugundyrda gandyň, bugdaýda belogyň, kleýkowinanyň toplanyşy ýokarlanýar. Gowaçada pagtanyň çykymy, süýümiň berkligi, uzynlygy artyp, hojalyk-tehnologiki sypatlary düýpli gowulanýar. Hormatly babadaýhanlarymyza ekerançylykda uly üstünlikleri gazanmak, ekologiki taýdan arassa, ýokary hasyly öndürmek üçin ösümlikleri kesellerden, haşal otlardan, zyýan beriji mör-möjeklerden gorap saklamak, dökünleri ylmy esasda dogry ulanmak barada beýan edilen maglumatlary öz iş tejribelerinde peýdalanmaklaryny maslahat berýäris. S.A.Nyэazow adyndaky Tьrkmen oba hojalyk uniwersiteti Kabul edilen wagty 2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 3-i EDEBIЭAT 1. Врочинский К.К., Маковский В.Н. Применение пестицидов и охрана окружающей среды. – Киев, 1979. 2. Измаилов С.А. Азотный обмен в растениях. – М.: Наука, 1976. C. 210. 3. Союнов О. Вопросы защиты растений от вредителей и болезней // Проблемы освоения пустынь. 1998. №6. 4. Taýlakow N., Kürşenowa A. Ösümlikleriň iýmitlenişiniň diagnostikasy. – Aşgabat, 1995. 35 s. 5. Ягодин Б.А., Смирнов П.М., Петербургский А.Б. и др. Агрохимия. – М.: Агропромиздат, 1989. C. 639. O.Soyunov, N.Taylakov WAYS OF OPTIMIZATION OF PESTICIDES AND NITRATE FERTILIZERS APPLICATION The article concerns pesticides application in the system of integrated method of combating pests, diseases and wllds of agricultural crops. The main purpose of this ecologically pure method is to improve phitosanitary condition of fields under crops, scientifically based application of bioagents and rational use of selective 57 pesticides, paying attention to their ecotoxicologic parameters. Thus, pesticides of 12 grades of danger are recommended for use. They quickly decompose into natural components, have good results in decreasing the number of pests and do not bring to ecologic disbalance in agribiocenosis. As the result of their long-term investigation the authors of the article propose differential application of nitrate fertilizers, taking into consideration the types of crops and ecological condition. Monitorial investigation of nitrates accumulation in the body of a person and animal showed that nitrates turn into nitrites under the influence of ferments; after that nitrites affect gemoglobin. The authors of the article propose scientifically – based application of organic – mineral fertilizers. Methods of preparation of ecologically pure compost fertilizers are given. О.Союнов, Н.Тайлаков ПУТИ ОПТИМИЗАЦИИ ПРИМЕНЕНИЯ ПЕСТИЦИДОВ И НИТРАТНЫХ УДОБРЕНИЙ В работе рекомендуется применение пестицидов в системе интегрированного метода борьбы с вредителями, болезнями и сорняками сельскохозяйственных культур. Цель данного экологически чистого метода заключается в улучшении фитосанитарного состояния посевных полей, научнообоснованное применение биоагентов на местах вспышки вредителей, рациональное применение селективных пестицидов. При применении пестицидов следует обратить внимание на экотоксикологические их параметры. Рекомендуется применение лишь пестицидов относящихся к 1-2 классу опасности, которые быстро разлагаются на компоненты природной среды и дают желаемые эффекты в снижении численности вредителей, не разрушая экологического равновесия в агробиоценозах. В результ ате многолетних исследований авторы рекомендуют дифференцированное применение нитратных удобрений с учетом видов культур и экологической обстановки. Мониторинговое исследование кумуляции нитратов в организме человека и животных, поступающих с продуктами питания, показало, что нитраты под действием ферментов превращаются в нитриты, которые ингибируют действия гемоглобина. Авторы ст атьи предлагают научно-обоснованное применение органо-минеральных удобрений по агрорекомендации. Описаны методы приготовления и применения экологически чистых компостных удобрений. 58 TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN №2 2007 M.Ş.Täşliýew, D.S.Ragimowa, Wl.S.Sibirýow, A.O.Çaryýewa KÖPETDAG ETEK EPINIŇ WE BOKURDAK MONOKLINALYNYŇ GÜNDOGARYNDA ÝURA ÇÖKÜNDILERINIŇ LITOLOGIKI AÝRATYNLYKLARY WE GALYŇLYKLARY Turan plitasynyň günortasynda ýerleşýän ýura çökündileri we öz litologiki alamatlary boýunça olara golaý bolan galyň bolmadyk ret gatlaklyklary özbaşdak nebitgazly gatyny düzýär. Häzirki wagtda olar bu sebitde nebitgaz gözleg işleriniň esasy ýerleri bolup, olaryň stratifikasiýasyny, jisim düzümini we galyňlyklaryny öwrenmekligiň diňe bir uly ylmy ähmiýetiniň däl-de, amaly ähmiýetiniň hem boljakdygyny görkezýär. Bokurdak monoklinalynyň we Köpetdag etek epiniň gündogar sebitleriniň çäklerinde ýura çökündi formasiýalar doly stratigrafiki göwrümde buraw işleri bilen diňe bir geologiýa-gözleg meýdançada – Gubaçägede açyldy [4]. Soňky agzalan meýdança, Köpetdag etek epiniň demirgazyk ýapysynda, Bokurdak monoklinalynyň has golaýynda ýerleşýär. Gubaçäge meýdançasynda bazal ret-aşaky ýura formasiýasy, has dogrusy, ýokarky paleozoý-trias aralyk toplumynyň gyzyl reňkli wulkanogen çökündi jynslaryndan dörän, onçakly galyň bolmadyk (40 m töweregi) tozma gabygynyň görnüşinde bildirýär. Bu meýdanda tozma gabygy gaýtadan çöken bolmagy mümkin. Oýukly fundament çykydynyň çäkliginde ýerleşýän Bokurdak meýdançasynda onuň ýoklugy [2], bazal formasiýanyň galyňlygy Köpetdag geosinklinalyna tarap ösjekdigini görkezýär. Ret-aşaky ýura bazal formasiýada ýa-da has gadymy ýokarky paleozoý-trias düzümlerinde, Gubaçäge we Bokurdak meýdançalarynda buraw işleri bilen ýüze çykarylan orta ýura terrigen kömürli formasiýa gorply ýerleşýär. Bu formasiýanyň üstünde, esasan, oksford ýaşly karbonat formasiýasy ýerleşýär. Soňky agzalan formasiýa Bokurdak monoklinalynyň demirgazygynda we Merkezi Garagum gümmeziniň sebitlerinde ýuwaş-ýuwaşdan oňat ýaýlaňlanan karbonat-terrigen formasiýasy bilen çalyşýar. Has demirgazykda kelloweý-oksfordyň terrigen formasiýasy ýerleşýär. Seredilýän meýdanlarynyň köp böleginde kimerij-titon çökündileri duzly sulfat-karbonat düzüminden durýar; sebitiň gündogar çetinde ol ewaporit formasiýasyna lateral geçýär [1]. Köp ýyllaryň dowamynda W.N.Melihow we Wl.S.Sibirýow, çuň guýularyň karotaž diagrammalaryna analiz berdiler we kesimleriň nebitgazgeologiki bölünmesini işläp düzdüler. Öwrenilýän sebitiň ýura kesimleriniň stratifikasiýasy hem-de korrelýasiýasy üçin olaryň alan netijeleriniň uly ähmiýeti bar. 59 W.N.Melihowyň we Wl.S.Sibirýowyň 1988-nji ýylda işläp düzen we soňra azowlak üýtgeşmeler we goşmaçalar girizilen ýokarky ýura we aşaky mel çökündileriniň nebitgaz-geologiki kesimleriniň bölünişiniň shemasyna laýyklykda [5], ýura çökündileriniň kesimi nebitgaz-geologiki bölünende şu aşakdaky, ýagny aşaky ýura (J1), aalen-baýos (J2a-b), bat (J2bt), kelloweý (J2k), duzaşagy oksford (J3o), sulfat-karbonat geçiş (J 3o 23-km1), duzly kimerij (J 3km) we duzýokary titon (J 3t) gatlaklyklara bölünýär. Şeýle bölünmäni esas edinip, stratigrafiki aspektde gatlaklyklary erkin peýdalanmak termini hökmünde garamak bolar. Şunlukda, Gubadagda we Merkezi Köpetdagda ýerüsti açyklyklarda oksfordyň we kimerijiň galtaşýan sulfat-karbonat geçiş gatlaklyklarynyň çökündilerini umumy geologiki aýratynlyklary boýunça, kimerij mertebesine doly degişli etmek mümkin. Bokurdak monoklinalynyň, Köpetdag etek epininiň we Murgap çöketliginiň sepleşýän etraplarynyň ýura çökündileriniň biostratigrafiki öwrenilişiniň häzirki derejesinde ýokarda garalan nebitgaz-geologiki bölümleriniň hemmesini umumy stratigrafiki şkalanyň esasy stratigrafiki bölümlerine (stratonlara) ýaş boýunça belli bir derejede baglanyşdyrmak bolar. Şonuň üçin, bu ýerde alnan mertebe serhetleri belli bir derejede gipotetikidir. Indi, ýokarky paleozoý-trias çökündileriniň ýura sistemasyny düşeýän dag jynslaryndan başlap, berrias-walanžiniň aşaky gorizontlary bilen gutaryp, öwrenilýän stratonlaryň litologiki sypatyna we galyňlygyna ýüzleneliň. Ýokarky paleozoý-trias çökündiler. Bu gatlaklaryň öwrenilýän sebitinde Bokurdak, Gubaçäge, Günbatar Şorbogaz, Şordepe we Gündogar Sarahs meýdançalarynda ýura gatlaklarynyň aşagynda burawlamak arkaly açyldy. Ýokary paleozoýdan gadymky fundamentiniň üstüni iň täze tektoniki bölünişiniň shemasyna laýyklykda, Merkezi Türkmenistanyň Günortasynda Çirli– Kazy we Günorta–Garagum uly massiwleri synlanýar [2]. Bu massiwler submeridional oriýentirlenen Yzgant–Gäzli giň çöketligi bilen bölünen. Günorta– Garagum massiwiniň we Kaka–Mäne çöketliginiň sepleşmesi uly tektoniki ýaryklar ulgamy boýunça geçýär. Bu ýaryklar ulgamy Bokurdak–Tejen zolagyny düzýär. Bu zolak tektoniki aktiwleşen. Oňa fundamentiň Oýukly, Sengerli we Garajaowlak çykytlary sepleşýär. Bu ýere çökündi örtüginde, antiklinal belentliginiň Kümmet– Garajaoglak zolagy gabat gelýär. Burawlamagyň maglumatlaryna görä, Bokurdak meýdançasynda aalen-baýos çökündileriniň gös-göni aşagynda orta, seýrek halatlarda esasy ýa-da turşy düzümli wulkanogen-çökündileri we hut wulkanogen jynsly gatlaklyk ýatyr. Çal we ala reňkli psammit we psammit-psefit tuflar agdyklyk edýär. Olar gatlaklygyň ýokarky böleginde esasy effuziwler bilen, ýagny galyňlygy 15 m bolan gögümtil çal andezit porfiritler bilen örtülýär (1-nji tablisa). Gubaçäge meýdançasynyň 2-nji guýusynda, 4950–4986 m çuňlukdan ýokarky paleozoý-trias çökündilerinden görnükli kern nusgalar alyndy. Burawlanyp açylan çökündiler goňrumtyl-mele wulkanogen-çökündilerden (wulkanomikt konglomeratlar, 60 tufolawlar, tufogen brekçileri) we gyzyl reňkli toýunly alewrolitlerden hem-de argillitlerden ybaratdyr. Gubaçägeden alnan kern nusgalaryny petrografiki barlagdan jikme-jik geçiren N.Ç.Mawyýewiň alan netijesine görä, bu çökündiler gadymy wulkanyň ýapgyt jynslary we onuň delýuwial fassiasy bolmaly. Onuň pikiriçe, wulkan andezitli, bazaltandezitli we riolit düzümli lawalary we tufolawly jisimleri çykaran bolmaly. Emele gelen dag jynslarynyň dargamaklary wulkanomikt ownan jynslara öwrülen brekçi we çagyl-galka materiallarynyň çökmegine getiripdir. Ýokarda ýatlanylyp geçilen gadymy gyzyl reňkli alewrolitler we argillitler hem wulkaniki sebitiň çökündi jisimlerine degişlidir. Eger Turan plitasynyň günortasyndaky çökündi platforma örtügini düşeýän aralyk toplum (kompleks) emele gelende wulkaniki işjeňlik perm we trias döwürlerine gabat gelýändigi göz öňünde tutulsa, onda Gubaçäge meýdançasynda açylan gyzyl reňkli jisimler hem perm-trias çökündilere degişlidir diýip hasap edip bolar. Goňşy Bokurdak meýdançasynda 1-nji guýuda açylan wulkanogen-çökündi gatlaklygynyň hem şol döwürde dörän bolmagy ähtimal. Köpetdag etek epiniň günorta-gündogaryndaky we Mäne–Çäçe muldasyndaky, takmynan trias ýaşly wulkanogen çökündi gatlaklary oksfordyň karbonat çökündileriniň gös-göni aşagynda açylypdy. Günbatar Şorbogaz meýdançasynyň 1-nji guýusynda we Şordepe meýdançasynyň 1-nji guýusy burawlananda, oksford O5 nebitgaz gorizontynyň aşagynda 5000–5142 m çuňlukda şlam nusgalyklary alyndy. Ol nusgalyklar M.S.Žmud tarapyndan turşy hem-de orta düzümli tuflaryň we tufolawlaryň ownuklary diýlip kesgitlenildi. Şeýlelik bilen, bu sebitde giatus (ýagny kesimde çökündileriň bolmazlygy) irki we orta ýuranyň hemmesine degişli bolup biler. Galyňlygy onçakly uly bolmadyk (46 m) gyzyl reňkli perm-trias çökündileri Sarahs çuňluk ýaryk zolagynyň oksfordynyň aşagyndan hem açyldy. Bu ýeriň Gündogar Sarahs meýdançasynyň 1-nji guýusynda ol çökündileriň üsti 4890 m çuňlugy burawlanyp ýetildi. Bu guýynyň 268 m altitudasy hasaba alnanda permotriasyň üsti şu ýerde – 4622 m çuňlukda ýerleşýär (3-nji tablisa). Ret-aşaky ýura çökündileri. Gubaçäge meýdançasynyň 2-nji guýusynda trias çökündileriniň üstünde galyňlygy 40 m bolan jyns petdesi gorply ýatyr. Bu petdäni biz ýa tozma gabygy, ýa-da onuň gaýtadan çökmeginiň önümi diýip hasap edýäris. Bu çökündi petdäniň stratifisirlenmegiň netijesinde soňky çaklama degişli bolmagy has ahmal. Muny 4910–4950 m aralykdaky standart we radioaktiw karotaža esaslanyp aýdyp bolýar. Esasan alewrolitlerden we argillitlerden ybarat bolan bu petdäniň retaşaky ýura ýaşy Türkmenistanyň açyk sebitleriniň çökündilerine meňzeşdirilmek esasynda kesgitlenilýär. Aalen – baýos çökündileri. Garalýan ýerleriň çäklerinde orta ýura gatlaklarynyň aşaky bölegini düzýän bu çökündileriň üsti burawlamak bilen Gubaçäge (2-nji guýuda 4762 m çuňlukda), Bokurdak (3816 m çuňlukda) we Deňli meýdançalarynda (2-nji guýuda 3580 m çuňlukda) açyldy. Doly galyňlykda 61 62 Bellik: Al – guýynyň altitudasy, m; D – guýynyň düýbi ýa-da senagat-geofiziki zondlaşdyrmanyň çuňlugy, m; E – guýudaky stratigrafik bölümiň (stratonyň) etekdäki ýatyşynyň çuňlugynyň belligi, m; G – stratonyň umumy galyňlygy, m; A – stratonyň açylan doly däl galyňlygy, m. Guýuda iň gadymy açylan stratigrafiki bölüminiň doly däl galyňlygyny görkezýär. Bu ýagdaýda “E” sütüninde çyzyk goýulýar, sebäbi stratonyň etegi açylmandyr; Gt – giatus (lat. hiatus – deşik, bolmazlyk). Çökündi emele gelmeginiň arasy üzülmekliginiň ýa-da onuň soňky doly köwülmesiniň netijesinde geologik kesiminde stratonyň ýoklugyny görkezýär; * – Gäwersdagda Zireköw meýdançanyň 1-nji guýusynda üste süýşmäniň ýokary blogunda doly açylmadyk oksford çökündileriniň aşaky çäkliginiň çuňlugy görkezilen; aşakda düýpli ýatyşdaky eoseniň toýun-karbonat çökündileri ýerleşýär. Bokurdak strukturalar toplumynda, Gäwersdagda we Murgap çöketliginde ýerleşýän çuň guýularda ýura çökündileriniň stratigrafiki bölünmesi we galyňlygy 1-nji tablisa burawlanyp, olar diňe iki meýdançada, ýagny Gubaçägede we Bokurdakda (degişlilikde, 113 we 114 m) geçildi. Deňli meýdançasynda burawlamak bilen bu çökündileriň diňe ýokarky 30 metri geçildi (1-nji tablisa). Demirgazyga tarap, öwrenilýän meýdanyň çäginiň daşynda, Humly meýdançasynyň 1-nji guýusynda aalen-baýos çökündileriniň doly galyňlygy eýýäm 184 metre çenli artýar. Bu çökündileriň kesiminiň düýbünde gorpuň barlygy çaklanylýar. Çökündiler kömürlenen ösümlik galyndylary bilen baýlaşan çal reňkli dykyz terrigen jisimlerden düzülen. Bu ýerde alewrolitler, çäge daşlar (seýrek däl ýagdaýlarda hekliräk) we goýy-çal argillitler gezekleşýär. Çökündiler “çalt” fassial çalyşmalara ýykgyn edýär. Submeridional ugruny synlanyňda Bokurdak–Tejen ýaryk zolagyň merkezdäki gadymy çökündileriniň granulometriki düzüminiň gowşak bildirýän gödekleşmekligi, ondan daşlykda bolsa kesimleriň toýunlylygynyň belli bir ýokarlanmagy bildirýär. Bat çökündileri. Bat mertebäniň çökündileri burawlamak arkaly doly galyňlykda Gubaçäge, Bokurdak we Deňli meýdançalarynda açyldy. Öwrenilýän sebitiň galan meýdançalarynda olar, Gündogar Sarahs meýdançasynda bolşy ýaly, ýa çuň ýatandyklary sebäpli burawlanyp ýetilmedi, ýa-da kesimde ýok. Kerniň nusgalyklaryndan hem-de standart we radioaktiw karotažyň diagrammalaryndan çen tutsaň, bat çökündileri gatlaşýan çal reňkli gabaraly çäge daşlardan, alewrolitlerden we argillitlerden, kähalatlarda argillitleriň ýukajyk gatjagazlary bilen çal mikrodäneli hek daşlardan ybarat. Bu çökündileriň galyňlygy Gubaçägäniň 2-nji guýusynda 35 m, Bokurdagyň 1-nji guýusynda bolsa 56 metre deň. Demirgazyga tarap, ýagny Deňli meýdançasynyň 2-nji guýusynda ol 101 m-e, Humly meýdançasynyň 1-nji guýusynda bolsa 177 m çenli artýar. Kelloweý çökündileri. Bu çökündiler doly galyňlykda bat gatlaklaryň açylan meýdançalarynda, burawlamak arkaly açyldy. Emma olardan tapawutlylykda, Gündogar Kümmet, Günbatar Garajaowlak, Tejen, Günbatar Şorbogaz, Keseýap we Günbatar Şatlyk meýdançalarynda çuň guýular bilen bölekleýin geçildi. Geologik kesimleriň kelloweý çökündilerinde köplenç goýy-çal, gara ýakyn argillitleriň petdeleri agdyklyk edýär. Olar çal reňkli alewrolitler (köplenç, maýda däneli, kähalatlarda toýunly ýa-da hekliräk), çäge daşlar, mergeller we hek daşlary (bular hem, köplenç toýunly) bilen gat-gat görnüşinde gelýär. Hek daşlarynyň arasynda mikrodäneli görnüşleri artykmaç gelýär; seýrek halatlarda olaryň organogendetrit litotipleri duşýar. K1, K2, K3, we K4 gorizontlaryny öz içine alýan kelloweý gatlaklygynyň umumy galyňlygy günortada, Gubaçäge meýdançasynda, 60–65 m aralygynda bolup, Bokurdak meýdançasynda 120 m, Deňli meýdançasynda bolsa 151 m çenli ulalýar. Humly meýdançasynyň 1-nji guýusynda ol ýene-de az-owlak peselip, 104 m bolýar. Bar bolan maglumatlardan görnüşi ýaly, şeýle galyňlyk Mäne–Çäçe muldasynda-da bolup biler. Gündogar Sarahsyň meýdançasynda olaryň kesimde ýok bolmaklary ahmal. Günbatar Şatlykda olaryň doly açylmadyk galyňlygy 130 m. Oksford çökündileri. Kesimiň bu böleginde köplenç halatlarda toýunly ýada dolomitizirlenen, hek daşynyň iri petdeleri, ýa-da dolomitleriň, argillitleriň we 63 alewrolitleriň gatlary we petdeleri duşýar. Kerniň bar bolan nusgalyklaryna görä, hek daşynyň arasynda mikrodäneli görnüşleri agdyklyk edýär. Oksfordyň ýokarky çäkliginiň golaýyndaky ol gorizontda kähalatlarda angidrit gatlagy bar. Bu ýeriň käbir kesimlerinde dolomitleriň ýa-da dolomitleşen hek daşlarynyň bardyklary hem bildirýär. Süýt-ak angidritlerden beýleki jisimleriniň hemmesiniň reňki çal. Gubaçäge meýdançasyndaky oksford çökündileriniň galyňlygy 184–187 m. Bokurdak meýdançasynyň 1-nji direg guýusynda ol 160 m. Demirgazyga tarap, Deňli meýdançasynyň 2-nji guýusynda bu san täzeden ýokarlanyp, 181 m ýetýär. Emma, bu zolakdan Merkezi–Garagum gümmezine tarap daşlaşdygyça (meselem, Humly meýdançasynyň 1-nji guýusy) garalýan çökündiler 144 m çenli ýukalýar. Humlyň 1-nji guýusynyň Bokurdagyň 1-nji guýusyndan 135 km daşlykdadygyny bellemek gerek. Bokurdak–Oýukly gurluş-struktura toplumyndan günorta-gündogar tarapa oksfordyň galyňlygy gitdigiçe artýar. Meselem, Gündogar Kümmet meýdançasynyň 4-nji guýusynda oksford çökündileriniň doly galyňlygy eýýäm 373 m. Takmynan, şunuň ýaly galyňlyk (367 m) Günbatar–Garajaowlak meýdançasynyň 10-njy guýusynda-da ýüze çykaryldy. Gyzylbaýrak, Saryja, Godin we beýleki meýdançalarda duzetek oksford gatlaklyga burawlanyp ýetilmedi ýa-da ol gatlaklyk doly açylmady. Işanbeýik meýdançasynyň 2-nji guýusynda (guýynyň düýbi O5 gorizontda ýerleşýär) oksford çökündileriniň doly açylmadyk galyňlygy 290 m (2-nji tablisa). Tejen meýdançasynyň 5100 m düýpli 9-njy çuň guýusynda oksfordyň doly galyňlygy 396 m boldy. Gündogar Sarahs meýdançasynda oksford çökündileri perm-trias gatlaryň üstünde gorply ýatýar; bu ýerde olaryň galyňlygy bolsa has artyp, 450 m ýetýär. Öwrenilýän sebitiň beýleki strukturalarynda oksford çökündileri bölekleýin burawlanyp barlanyldy (1, 3-nji tablisalar). Kimerij-titon çökündileri. W.N.Melihowyň we Wl.S.Sibirýowyň [5] ýokarky ýuranyň we aşaky meliň kesimlerini nebitgaz-geologiki bölümlere bölmek shemasyna laýyklykda, duzaşaky oksford nebitgazly gatlaklygyň ýokarsynda ýene-de üç gatlaklyk bolup, ýura kesimi tamamlanýar. Sulfat-karbonat geçiş gatlaklyk garalýan sebitde agdyklyk edýän çal reňkli dolomitleriň we angidritli hek daşyň, argillitleriň we seýrek halatlarda, alewrolitleriň gat-gatlyklary görnüşinde bolýar. Duzly gatlaklyk günbatarky kesimlerde ýa-ha ýok (meselem, Gubaçäge meýdançasynda), ýa-da toýunlaşan dolomitleriň ýa-da ak dykyz aralyk däneli angidritleriň 10–12 m galyňlykdaky bir petde görnüşinde bildirýär. Gündogara tarap duzly gatlaklygyň galyňlygy çalt artýar we Murgap çöketliginiň günbatarynda ol 370 m-den hem geçýär. Ýylan meýdançasynda ol eýýäm 523 m ýetýär. Şeýle bolanda angidritler galit duzlar bilen fasial çalyşýar. Duzýokary titon gatlaklyk çäge daşlar, alewrolitler, kähalatlarda gyzylreňkli, argillitler we ýuka gatly seýrek angidritler bilen gat-gatlaşan çal reňkli dolomitleriň we hek daşlarynyň agdyklyk etmekleri görnüşinde häsiýetlenýär. Käbir meýdançalarda (Deňli, Çäçe we beýlekiler) bu gatlaklyk kesimlerden “ýitýär”. 64 65 Mäne–Çäçe çöketliginde we onuň golaýyndaky çäkliklerde ýerleşýän çuň guýularda ýura çökündileriniň stratigrafiki bölünmesi we galyňlygy Kümmet–Garajaowlak gümmezler toplumynda we oňa sepleşýän demirgazyk çäkliklerde ýerleşýän çuň guýularda ýura çökündileriniň stratigrafiki bölünmesi we galyňlygy 3-nji tablisa 2-nji tablisa Kimerij-titon çökündileriň umumy aýratynlygy – aralyk karbonat dag jynslarynyň görnüşleriniň köplügidir (dolomitli hek daşlary we hekli dolomitler, kähalatlarda çägeli alewritli) we olarda angidrit gatançlaryň barlygyndadyr. Fundamentiň Oýukly çykydynda kimerij-titon çökündileriniň galyňlygy günortadan demirgazyga tarap Gubaçäge meýdançasynda 132–144 m-den Bokurdakda 76 m, Deňlide bolsa 56 m çenli peselýär (1-nji tablisa). Humly meýdançasynda bu çökündiler, mel döwründen öň dörän gorpuň netijesinde, ýura kesiminde ýok. Kümmet meýdançasynda (7-nji guýuda) olaryň galyňlygy 205 m, Gündogar Kümmetde (4-nji guýuda) – 259 m. Garajaowlak ojagynda olaryň galyňlygy 187 m den (13-nji guýuda) 334 m çenli (7-nji guýuda) aralykda bolýar (2-nji tablisa). Sarahsyň gazly etrabynda bu san 230–330 m aralykda (3-nji tablisa). Işanbeýik meýdançasynda kemerij-titonyň galyňlygy 603 m deň (2-nji guýuda), Günbatar Şatlykda – 676 m (47-nji guýuda), Gündogar Şatlykda – 766 m (49-njy guýuda). Ýylan meýdançasynyň 6-njy guýusynda seredilýän görkeziji 986 m çenli ýokarlanýar. Bu ýerde belläp geçmeli zat, Köpetdagda, Gäwersdag antiklinalynda bu san Murgap çöketligine degişli sandan göz-görtele pes bolup, Zirekow meýdançasynyň 1-nji guýusynda 596 m deňdir. Berrias-walanžin çökündileri ýura gatlaklarynyň üstünde sebitleýin gorply ýatýar we hemme ýerde çelpek ýa-da ojarly pagsalaryň eteginiň belleýji toýun gorizontyndan başlanýar. Agzalan pagsalaryň birinjisi Merkezi Garagum gümmezinde, Bokurdak monoklinalynyň hem-de Köpetdag etek epiniň Günbatar we merkezi sebitlerinde ýerleşýär. Ol Kümmet–Garajaowlak struktura toplumdan başlap, Gündogar tarapa ojarly (sandykgaçy) pagsasy bilen, Türkmenistanyň gündogar çetinde bolsa – almyrat pagsasy bilen çalyşýar. Çelpek pagsasy garalýan sebitde çal reňkli dykyzlanan hekleşen toýunlardan, alewrolitlerden, çäge daşlardan we maýda kristal hek daşlaryndan düzülen. Litostratigrafiki nukdaýnazardan bu pagsa, köplenç, üç bölümden gurlan bolup, onuň aşaky we ýokarky böleklerinde terrigen jisimleri, orta böleginde bolsa karbonat jisimleri agdyklyk edýär. Gubaçäge meýdançasynda bu çökündileriň galyňlygy 118– 136 m. Bokurdak meýdançasynda, ýagny Oýukly fundament çykydynda, ol 104 m çenli azalýar we şu galyňlykda Deňli meýdançasynda-da saklanýar (1-nji tablisa). Sebitiň gündogarynda berrias-walanžiniň (ojarly pagsanyň) galyňlygy 103–128 m aralykda. Ojarly pagsanyň kesiminde, çelpek pagsadan tapawutlylykda, çal reňkli jisimler bilen bir hatarda, gyzyl reňkli jisimler hem uly ähmiýete eýe bolup ugraýar. Garalýan sebitiň beýleki meýdançalarynda berrias-walanžin çökündileriniň galyňlygy, takmynan, şol bir durkuny saklaýar, emma seýrek halatlarda ýa 84 m çenli azalýar (Gündogar Şatlyk meýdançasy), ýa-da tersine, 140–150 m çenli ýokarlanýar (Gyzylbaýrak we Çäçe meýdançalary). Mäne–Çäçe çöketliginiň çäklerinde iň uly paleoepilmegi Täze Çäçe meýdançasynyň çäkliginde bolup geçendigi ahmal. Bu ýerde berrias-walanžiniň galyňlygy 2-nji guýuda 164 m. Gäwersdagda häsiýetlendirilýän çökündileriň galyňlygy çürt-kesik ýokarlanýar we Zirekow meýdançasynyň 1-nji guýusynda 316 m bolýar. 66 Mäne–Çäçe çöketliginde, iň bolmanda, onuň Çäçe meýdançasynda, çelpek pagsasy berrias-walanžin ýaşly foraminiferleriň belli bir toplumy we Loriolithyris ex gr. valdensis (Lor.) brahiopoda ýadrosynyň tapylandygy bilen häsiýetlendirilendigini belläp geçmek möhümdir. Görkezilen çökündiler kimerij-titonyň duzly gatlaklygynyň gabaraly angidritleriniň üstünde näsaz ýerleşýär. Şunlukda, bu ýerde berrias-walanžin çökündileriniň kesimi injerew pagsasy bilen “üsti ýetirilýär”. Injerew pagsasy çelpek pagsasynyň ýokarsynda ýerleşýär we berrias-walanşin foraminiferleriniň toplumyny öz içinde saklaýar [7]. Biz ýuranyň we meliň şunuň ýaly galtaşmagy Gündogar Köpetdagdan Mäne–Çäçe çöketliginiň içki gyrasyna çenli ýaýrandyr diýip çak edýäris. Netije Şeýlelikde, soňky ýyllaryň çuň buraw işleriniň netijesinde alnan maglumatlar Bokurdak monoklinalynyň we Köpetdag etek epiniň gündogarynda ýerleşýän nebitgazly ýura çökündileriniň jisim düzümi we galyňlygy baradaky düşünjeleriň üstüni ýetirmäge mümkinçilik berýär. Çökündileriň litologiýasyna we galyňlygyna sebitiň paleotektonikasynyň umumy aýratynlyklary, ýura deňiz paleobasseýniň, duz öndüriji kimerij-titon basseýniň hem-de terrigen jisimleriniň sürlüp äkidilmek gadymy çeşmeleriň ýerleşişi we ewolýusiýasynyň dinamikasy esasy täsir edendir. Ýuranyň has doly stratigrafiki kesimi burawlamak arkaly häzirki Oýukly fundament çykydynyň çäginde açyldy. Günortada bu çykyt Bokurdak–Tejen sebit tektoniki ýaryk zolagy bilen çäkleşýär. Ýer gabygynyň köp döwürleýin tolkun atyp hereket eden wagtlarynda bu zolagyň paleotektoniki işjeňleşendigi ýura çenli aralyk toplumynyň perm-trias [3], platforma örtüginiň aşaky-orta ýura we senoman çökündileriň galyňlyklarynda [5] has aýdyň ýüze çykypdyr. Ýaňky ýatlanyp geçilen çökündileriň izopahitleriniň konfigurasiýasy bu ýerde paleowallaryň döwürleýin ýüze çykandyklaryny görkezýär. Soňra olar gadymy gorplaryň täsirinde, aşaklaýjy tektoniki hereketleriň ýüze çykmaklary we çökündileri dörediji hadysalaryň niwelirleýji täsirleriniň netijesinde täzeden ýok bolupdyrlar. Häzirki bar bolan maglumatlar Bokurdak–Tejen sebit tektoniki ýaryk zolagy çökündileriň emele gelmegine ýura döwründe diňe uzak wagt däl-de az wagtyň dowamynda-da wagtal-wagtal täsir edendigini tassyklamaga mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý diňe bir aýry-aýry stratonlaryň galyňlyklarynyň degerli ýerleşişlerinde däl-de, paleobeýiklikleriniň gümmez böleklerindäki gadymy çökündileriniň gödekleşmeginde we çägelenmekliginde ýüze çykýar. Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginiň Nebit we gaz instituty Kabul edilen wagty 2007-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 24-i 67 EDEBÝAT 1. Алланов А., Жмуд М.С., Панасенко О.М., Пашаев М.С., Ташлиев М.Ш. Формации, палеотектоника и нефтегазоносность палеозоя и мезозоя Туркменистана. – М.: Недра, 1976. С. 132. 2. Мелихов В.Н. Геологическая основа и пути реализации потенциала газонефтеносности юга Туранской плиты / Автореф. докт. дис. – М., 2000. С. 52. 3. Одеков О.А., Тулаева С.В., Мельник Н.М. Структура поверхности палеозойского фундамента осадочного чехла // Изв. АН ТССР. Сер. физ-тех., хим. и геол. наук. 1981. №5. С. 89–96. 4. Täşliýew M.Ş., Allamyradawa D.K. Gubaçäge meýdanynyň ýura çökündileriniň geologiki kesimi we nebit-gazlylygy (Günorta Türkmenistan) // Türkmenistanda ylym we tehnika. 2005. №11. 28–37 s. 5. Ташлиев М.Ш., Рагимова Д.С., Мелихов В.Н., Сибирёв Вл.С. Цикличность и нефтегазогеологическое расчленение верхней юры и нижнего мела Центрального Туркменистана // Нефть и газ Туркменистана. 1999. №2. С. 26–54. 6. Ташлиев М.Ш., Мелихов В.Н., Сапаров Ч.С. О волновых движениях и конседиментационных процессах в мезозое на юге Центральной Туркмении // Изв. АН ТССР. Сер. физ-тех., хим. и геол. наук. 1978. №4. С. 110–114. 7. Товбина С.З., Ташлиев М.Ш., Аллабердыев С.Б., Наймушина Л.Н., Недиров Б.Р. Новые данные по стратиграфии и литологии газоносных верхнеюрских и берриас-барремских отложений зоны сочленения Предкопетдагского прогиба и Мургабской впадины // Изв. АН ТССР. Сер. физ-тех., хим. и геол. наук. 1988. №5. С. 53–59. M.Sh.Tashliyev, D.S.Ragimova, Wl.S.Sibiryev, A.O.Charyyeva LITHOLOGICAL FEATURES AND THICKNESSES OF THE JURASSIC DEPOSITS ON THE EAST OF BOKURDAK MONOCLINE AND KOPETDAG FOREDEEP On the basis of deep drilling data the material composition and thicknesses of oil and gas bearing Jurassic deposits in perspective region of Turkmenistan have been briefly considered. The crust of weathering or products of its redeposition 40 m in thickness, revealed by drilling on Gubachage field on the northern bort of Kopetdag foredeep have been hypothetically referd to the Rhaetian-Low Jurassic deposits. The Aalenian-Bajocian and Battian sediments are accordingly 113–114 and 35–101 m in thickness above Oyucly uplift of basement and consist of greycolored argillites, aleurolites and sandstones. The Callovian strata 60–151 m thick consists of both 68 terrigene rocks and clay-carbonaceous deposits. The Oxfordian deposits are 160–450 m thick and are formed by limestone (mainly mikrogranular, clayiness or dolomitized) with rare members of dolomites, argillites and aleurolites. The Kimmeridjian-Tithonian deposits are presented by sulphate-carbonaceons, saline and oversaline strata. Their total thickness above Oyucly uplift is insignificant (56–76 m) but they quickly grow to Gyaursdag mountains (596 m) and western regions of Murgab depression (700–986 m). The underlying Upper Paleozoic-Triassic deposits and the overlying Berriassian-Valanginian accumulations have been briefly characterized in this article. Thus, the distribution of thicknesses, material composition and texture of ancient deposits the depended on a structure of Paleozoic basement and features of Jurassic paleogeography. М.Ш.Ташлиев, Д.С.Рагимова, Вл.С.Сибирёв, А.О.Чарыева ЛИТОЛОГИЧЕСКИЕ ОСОБЕННОСТИ И МОЩНОСТИ ЮРСКИХ ОТЛОЖЕНИЙ ВОСТОКА БОКУРДАКСКОЙ МОНОКЛИНАЛИ И ПРЕДКОПЕТДАГСКОГО ПРОГИБА На основе данных глубокого бурения кратко рассмотрены вещественный состав и мощности нефтегазоносных отложений юры одного из перспективных регионов Туркменистана. К рэт-нижнеюрским отложениям предположительно отнесена кора выветривания либо продукты ее переотложения мощностью 40 м, вскрытые на площади Губачаге на северном борту Предкопетдагского прогиба. Аален-байосские и батские отложения мощностью соответственно 113–114 м и 35–101 м над Оюклинским выступом фундамента сложены сероцветными аргиллитами, алевролит ами и песчаниками. Келловейские отложения мощностью 60–151 м выражены как терригенными, т ак и глинистокарбонатными породами. Оксфордские отложения мощностью 160–450 м сложены известняками, преимущественно микрозернистыми, глинистыми либо доломитизированными, с единичными пачками доломитов, аргиллитов и алевролитов. Кимеридж-титонские отложения представлены переходной сульфатно-карбонатной, соленосной и надсолевой толщами. Общая их мощность на Оюклинском выступе фундамента незначительна (56–76 м), но быстро нарастает к Гяурсдагу (596 м) и западным районам Мургабской впадины (700–986 м). В статье кратко охарактеризованы подстилающие юрскую систему верхнепалеозойско-триасовые отложения и перекрывающие её берриасваланжинские накопления. Показано, что на распределение мощностей, вещественный состав и структуру древних осадков существенное влияние оказали особенности строения палеозойского фундамента и палеогеография региона в юрский период. 69 H.G.Bekmämmedow, Ş.U.Kadyrow HAÝALLADYLAN KOKSLAŞMA DESGADA ZÄHMETI GORAMAK ÇÄRELERINE GOŞANT Nebit galyndylaryny giň ýaýran haýalladylan usul bilen kokslaşdyryjy häzirki zamana laýyk desganyň tilsimat hadysasy doly awtomatlaşdyryldy we mehanizmleşdirildi [3, 4]. Emma desganyň gyzdyrylmaýan koks reaktory öz gurnamasyna görä kämil däldigine galýar. Reaktoryň aşakdaky lýugynyň gapagyny açyp-ýapmak usuly häzirki zaman tehnikasynyň we zähmetiň medeniýetiniň ýeten derejesinden örän pes. Aşakdaky lýugyň gapagy reaktoryň her iş aýlawynda açylyp-ýapylýar. Reaktoryň gabarasyna baglylykda onuň iş aýlawy her 24-36 sagatdan gaýtalanýar. Desgada gezekme-gezek arakesmeli işleýän reaktorlaryň sany iki, dört we alty bolýar. Reaktorlaryň işe başlap-gutarýan wagtlary (iş fazalary) süýşürilýär [3, 4, 5]. Şu sebäpden her 6,9 we 12 sagatdan lýuklaryň gapaklaryny açyp-ýapmaly bolýar. Gapagyň diametri 1200-1600 mm, massasy bolsa 1,5 ÷ 2,0 tonna ýetýär [4]. Ol gapaklar bilen işlemek çylşyrymly we köp fiziki zähmeti talap edýär. Häzirki wagtda gapagy adata öwrülen açyp-ýapmak usulynyň esasy ýetmezçiligi şulardan ybarat. Ol gapak lýugyň flansyna 32-40 sany M32-M36 şpilkalar arkaly berkidilýär. Ol şpilkalaryň gaýkalary gaýka towlaýjy gurallar arkaly, köplenç wagtda bolsa el güýji bilen açylyp-ýapylýar. Bu gaýka towlaýjy gurallar agyr we gaýkany açanda-ýapanda işgär uly garşydaş (reaktiw) towlaýjy momenti kabul etmeli bolýar. Bu garşydaş towlaýjy momenti kabul etmek üçin işçi belli bir derejede fiziki güýçli bolmaly. Mundan başga-da, pnewmatiki gaýka towlaýjy gurallar ýakymsyz ses edýär. Açylan gaýkalar, köplenç, reaktoryň binýadynyň aşagyna gaçyp, koksuň içinde ýitýär. Gapagyň şpilkalarynyň gaýkalary açylandan soň koksa ýapyşan gapagy el güýji bilen ýörite niýetlendirilen boltlar arkaly, köplenç, lom ulanyp açmaly bolýar. Gapagy açmak we ýapmak işleriniň hersi 2 sagada golaý wagt talap edýär we işgäriň tenine şikes ýetmeginiň potensial howpuny döredýär. Aýdylan kemçilikleri ýok etmek maksady bilen, öz işläp düzen ryçag-pahna mehanizmimiz (RPM) teklip edýäris. Bu sistema reaktoryň aşakdaky lýugunyň gapagyny açyp-ýapmak işlerini doly mehanizmleşdirýär (1-nji we 2-nji suratlar). RPM reaktoryň düzümine girýär we ony kämilleşdirýär. Pahnalar lýuguň töwereginde radial ýerleşýär. RPM gidrawliki işleýär. Gidrawliki suwuklyk hökmünde transmissiýa ýagy ulanylýar. Gidrawliki sistemany herekete getirmek üçin porşenli sorujyny ulanmak göz öňünde tutulýar. Mehanizmiň işleýşini bir RPM-iň işleýiş mysalynda düşündireliň, sebäbi hemme RPM-leriň işleýşi birmeňzeş. Lýuguň gapagyny açmak işi şeýle amala aşyrylýar. Kinematiki shemada (2-nji surat) gapak ýapyk bolan ýagdaýyndaky RPM-iň görnüşi görkezilen. Içi koksdan dolan reaktor boşadylmaga taýynlanandan soň lýuguň gapagynyň (4) aşagyna relsiň üstünde özi ýöreýän arabajyk (2) getirilýär. Işleýän koks desgalarda bu arabajyk bar. Arabajygyň üstünde gidrawliki işleýän ýörite göteriji (domkrat) (3) we şeýle atlandyrylýan “teleskop” (1) ýerleşdirilýär. Arabajygyň 70 domkraty gapagyň aşagyna 5-10 mm ýetirilmän goýulýar. Soň, ilki bilen howpsuzlyk kran (18), soňra bolsa ýörite gurnawly kran (19) “açyk” ýagdaýlaryna getirilýär (2-nji A surat) we porşenli sorujy (20) işe girizilýär. Sorujy ýagy gapdan (23) alyp, turbalar (21) we (15) arkaly bir wagtyň özünde ähli silindrleriň (13) aşakdaky (11) göwrümlerine itýär. Netijede, ähli porşenler (12) bir wagtyň özünde ýokaryk süýşüp başlaýar. Bu ýagdaýda silindrleriň ýokarky (14) göwrümlerindäki ýag turbalar (16) we (16') arkaly itilip ýag gabyna (23) barýar. Turbalar (15) we (16) degişli iş basyşa döz gelýän kislorod şlangalary kysymynda ýumşak bolmaly. Silindrleriň içinde porşenleriň ýokaryk süýşmegi ähli ryçaglaryň (8) mergenegiň (şarniriň) (7) töwereginde 1-nji surat aýlanmagyna getirýär we netijede, şol ryçaglaryň eginleri (6) lýugyň gapagyny gerek derejede berk gysyp saklaýan pahnalary (5) gapagyň aşagyndan sogrup çykarýar. Mehanizm şeýle hasaplanan we sazlanan, haçan pahnalar gapagyň aşagyndan doly sogrulanlaryndan soň ryçaglaryň beýleki eginleri (9) gapagyň gulaklarynyň üstünde erkin oturan “itijileriň” (10) üstünden basyp başlaýar we koksa ýapyşan gapagy ondan “ýolup” aýyrýar. Açylan gapak arabajygyň domkratynyň üstüne düşenden soň ýag sorujynyň işlemegi ýatyrylýar, arabajyk bolsa teleskop lýugunyň agzyna gabat geler ýaly aralyga tigirläp süýşürilýär. Şunuň bilen lýuguň gapagyny açmak işi tamamlanýar we reaktoryň içindäki koksy gidrokesiji bilen kesmek işi başlanýar. Owradylan koks lýukdan çykyp teleskobyň üsti bilen ýapgyt rampa dökülýär we süýşüp açyk meýdança barýar. Itijiniň gurnalyşy onuň uzynlygyny belli bir derejede üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, öz nobatynda, RPM-iň işleýşini, ýokarda aýdylyşy ýaly, sazlamaga mümkinçilik döredýär. Reaktor koksdan boşadylandan soň, aşakdaky lýugyň gapagy şeýle ýapylýar. Teleskopy ýygnap, gapak lýugyň gabadynda “öz ýerini eýelär” ýaly arabajyk tigirlenip getirilýär. Domkrat (3) bilen gapak tä itijelere (10) galtaşýança ýokaryk galdyrylýar (3-nji surat). Gapagyň öz ýerine barandygy anyklanandan soň, ýörite kran (19) “ýapyk” ýagdaýyna geçirilýär (2-nji B surat), howpsuzlyk kran (18) bolsa öňki açyk ýagdaýynda galdyrylýar. Soňra sorujy (20) işe girizilýär. Sorujy ýagy gapdan (23) turbalar (21) we (16) arkaly silindrleriň (13) ýokarky göwrümlerine (14) itýär, netijede, porşenler (12) aşak süýşüp başlaýar, ryçaglar (8) bolsa mergenekleriň (7) töwereginde aýlanyp ugraýar. Şeýlelikde, ryçaglaryň ýokarky eginleri (9) itijileriň (10) üstlerinden aýrylýar, ryçaglaryň aşaky eginleri (6) bolsa pahnalary (5) gapagyň 71 radial ugurlary boýunça onuň aşagyna süýşürip başlaýar. Silindrleriň aşaky göwrümlerinden (11) gysylyp çykarylýan ýag turbalary (15) we (15΄) arkaly ýag gabyna (23) barýar. Pahnalaryň bir uçlary we gapagyň aşaky gyrasy, onuň perimetri boýunça 100-125 mm uzynlykda gatnaşygy 1:10 bolan, başgaça aýdylanda, β =50 12΄÷50 00΄ ýapgyt ýasalýar. Şu sebäpden pahnalar belli bir aralyga süýşenlerinden soň gapagy ýokaryk galdyryp ugraýar we olar süýşmegini dowam etdigiçe gapagy lýuguň flansyna jebis gysýar (3nji surat). Bu gysyşyň ululygyna manometrleriň (23) we (17) görkezýän basyşynyň ululygyna baglylykda baha berip, gözegçilik edilýär (2-nji surat). Manometrler gerek bolan belli basyşy görkezip başlanlaryndan soň ýag sorujysynyň işlemegi ýatyrylýar we howpsuzlyk kran (18) ýapyk ýagdaýyna 2-nji surat geçirilýär. Şunuň bilen reaktoryň aşakdaky lýugynyň gapagyny ýapmak işi tamamlanýar. Ähli pahnalar deň süýşüp, netijede, gapak bilen lýuguň flansynyň arasyndaky dykyzlaýjynyň deň gysylmagyny üpjün etmek üçin bütin sistema – silindrleriň ýokarky we aşaky göwrümleri, şeýle-de, turba geçirijiler howa galdyrylman, ýag bilen doldurylýar. Ýag gabynyň gerekligi şundan gelip çykýar. Silindrleriň aşaky göwrümlerinde porşenleriň ştoklary ýerleşýär. Ştoguň göwrümi silindriň aşaky göwrüminiň belli bir bölegini eýeleýär. Şu sebäpden silindriň ýokarky we aşaky ýagyň eýeleýän göwrümleri bir-birine deň bolmaýar we ýokarky göwrüm aşakydan uly. Ol göwrümleriň jemleriniň tapawudy V deňdir: V = πdш2 / 4·Χ·Ν, (1) bu ýerde: dш – ştoguň diametri, Χ – porşeniň ýolunyň uzynlygy (1-nji surat), Ν – silindrleriň (pahnalaryň, umuman, RPM-iň) sany. Şu sebäpden porşenler ýokaryk süýşenlerinde ýokarky göwrümlerden gysylyp çykarylýan ýagyň göwrümi aşakdaky göwrümlere itilip iberilýän ýagyň göwrüminden V ululyga barabar köp. Şeýle hem porşenler aşak süýşenlerinde hem ýokarky göwrümlere itilip berilýän ýagyň möçberi aşakdaky göwrümlerden gysylyp çykarylýan ýagyň möçberinden V ululyga barabar köp. Şu “artyk” ýagy saklamak 72 üçin ýag gaby gerek we bolup biläýjek ýag ýitgileri nazarda tutulsa, ol gabyň sygymy V ululykdan köp bolmaly. Eger X=300 mm, N=20 we dш=35÷40 mm bolsa, onda aňlatma (1) boýunça: V=5,8÷7,6 litr bolýar. Lýuguň gapagy açylyp-ýapylanda ýag gabynyň içindäki ýagyň derejesi üýtgeýär-gapak açylýan wagty gaba V litr ýag gelýär, gapak ýapylýan wagty bolsa şol V möçber ýag gapdan alnyp silindrleriň ýokarky göwrümlerine berilýär. Degişlilikde gabyň içinde basyş ýa wakuum döremez ýaly, ol gap “dem alýan” görnüşde ýasalmaly. Gabyň ýokarky gapagyny gofrirlenen ýaga durnukly materiallardan ýasap, bu meseläni çözüp bolar. RPM-iň ýa pahnalaryň sany reaktoryň germetikligini üpjün etmek şertinden tapylýar: N=πD/t, bu ýerde: D – gapagyň hasaplama diametri (1-nji we 3-nji suratlar); D = d0 + в, d0 – lýuguň diametri; в – dykyzlaýjynyň ini. №49 asboalýuminiý dykyzlaýjy üçin [6] в = 40 mm, t – gapagyň hasaplama diametri boýunça pahnalaryň aralygy (3-nji в surat): t = a +2S1·tgα, a – pahnalaryň galyňlygy, a = 60÷70 mm kabul edip bolar, S1 – gapagyň korroziýa goşundysyz galyňlygy, belli aňlatmadan kesgitlenýär [6], α – basyşyň konusynyň burçy (3-nji в surat), umuman, tgα = 0,4÷0,5 diýip kabul edilýär, San N uly tarapyna bütin sana tegelenýär. Bir pahna düşýän ýük [6] deňdir (1-nji surat): q = (Qmax+Qk)/N, bu ýerde: Qk – gapagyň massasy; Qmax – gapagyň üstüne düşýän iň uly hasaplama ýük. Bu ýük hökmünde reaktoryň içki iş basyşynyň we suwuk çig malyň (köpülenç gudron) gidrostatiki basyşynyň bilelikdäki döredýän ýüki Q p, ýa gapagyň 3-nji surat 73 dykyzlaýjysyny deslap gysmak üçin gerek bolan Qcm ýüki bolup biler [6]. Bu ýükler belli aňlatmalardan kesgitlenýär [6]. Gapagyň astyndan pahnany yzyna iterip çykarjak bolýan güýç deňdir (1-nji surat): T1 = q tg β, bu ýerde: β – pahnanyň ujunyň ýapgytlyk burçy; β = 50001÷50121. Pahnanyň ugrukdyryjysynda döreýän sürtülme güýji bolar: T2=fq, bu ýerde: f – materiallaryň özara sürtülme koeffisiýenti; polat-polat gury sürtülme üçin f = 0,15. Haçan: T1 ≤ T2, başgaça, q·tgβ ≤ f q (2) bolanda pahna öz-özünden açylyp bilmeýär. Bu (2) şertden berlen ýagdaý üçin β-iň bahasyny tapyp bolar: β ≤ arctg·f. Gapagy ýapmak üçin pahnany T ≥ T2 güýç bilen itmeli. Mergenek 7-ä (2-nji surat), başgaça, “A” nokada (3-nji surat) görä güýçleriň momenti deňdir (1-nji surat): Py ⋅ l = T ⋅ l1 γ Tl , ýa-da Pl ⋅ Cos = 1 , η 2 η (3) bu ýerde: l we l1 – ryçagyň eginleriniň uzynlygy (1-nji surat); RPM-iň gurnalyşyna görä l = 600 we l1 = 200 mm kabul edip bolar; η-RPM-iň peýdaly täsir koeffisiýenti, η = 0,75; γ – ryçagyň öwrülýän burçy (3-nji α surat): γ = arctg X1/l1, X1 – pahnanyň geçýän ýoly, X1 = 100÷125 mm diýip kabul edip bolar. Bu ýerde salgylanan l1 we X1 bahalarynda ryçagyň öwrülmek burçunyň γ ululygy deňdir: γ = 260341 ÷ 32000'. Gapagy ýapmak üçin her bir porşeniň üstünde döremeli güýjüň ululygy aňlatma (3)-den tapylar: P= T ⋅ l1 . η ⋅ l ⋅ cos γ / 2 Bu gerek bolan P güýji almak üçin sorujy her bir porşeniň üstünde Pn basyşy döretmeli (1-nji surat): 74 Pn = 4P , π Dn2 bu ýerde: Dn – porşeniň diametri; Dn = 100÷125 mm kabul edip bolar. Gapagy açmak üçin mergenek 7-ä görä güýçleriň momentini alyp, aňlatma (4)-e meňzeş deňlemäni alyp bolar: Pn1 = 4 P1 , π ( Dn2 − d ш2 ) bu ýerde: Pn1 – porşeniň aşagyndaky basyş; P1 – porşeniň ryçaga berýän güýji. Bu aňlatmalardan ştoguň diametrini dш tapyp bolar. Ştoguň berkligi P güýçden gysylmagyna, P1 güýçden dartylmagyna we gysylanda boýuna egrelmezligine edebiýat [6]-de getririlen aňlatmalar arkaly hasaplanýar. Ştoguň boýuna egrelijiligi λ şu şerti λ ≤ 40 kanatalandyrmaly. Biziň häzirki zaman haýallandyrylan kokslaşdyrma desgalaryň iş parametrlerini nazara alyp geçiren hasaplamalarymyz şol ştoguň diametri 35÷40 mm kabul edilse, onuň berkligi üpjün edilýär. Silindriň içinde porşeniň geçýän ýoly X deňdir: X = 2·l·sin γ/2. Ýokarda kabul edilen L we γ bahalarynda X = 276÷331 mm bolýar. Silindriň uzynlygy (1-nji surat): ls = X + ln + 2C bolar, bu ýerde: ln – porşeniň uzynlygy; ln-130÷160 mm kabul edip bolar; C – porşeniň ätiýaşlyk ýoluny C-20÷30 mm kabul edip bolar. Ýokarda kabul edilen ululyklardan ugur alynsa, silindriň uzynlygy ls = 446÷551 mm bolar. Gapagy koksdan üzüp aýyrmak üçin itiji 7÷14 mm, ýa ondanam az ýol geçmeli. Bu şertden ugur alyp, β1 burçuň ululygyny taparys (3-nji surat): β1 = γ − 2 arcsin ( 7 ÷ 14 ), 2 l2 bu ýerde l2 – ryçagyň ýokarky egniniň uzynlygy (1-nji surat). Eger l2 = 200 mm kabul edilse, onda: 2 arc sin ( 7 ÷ 14 ) = 20 ÷ 40 we β1 = γ – (20÷40) bolar.. 2 ⋅ l2 75 Ryçagyň aşaky egniniň kesilen ýeriniň (diliginiň) ölçegleri şu pikirleşme esasynda tapylar (1-nji surat, toplum I we 3-nji ç surat). Pahna X1 ululyga süýşende onuň “barmagy” (pales) diligiň içinde (onuň boýuna) l3 ululyga barabar ýol geçer. Bu ýol 3-nji a suratdaky NC aralyga deňdir. Onda üçburçluk ABC-den taparys: l1 − l1 cos γ “Barmagyň” ýassygynyň 1 (3-nji ç surat) C1 ölçegini nazara alyp, diligiň gutarnykly uzynlygyny l13 tapýarys (3-nji a surat): l3 = l12 + Х 12 − l1 , ýa -da l3 = l13 = l3 + 2C1. Gurnawa görä, C 1 = R = (0,625÷0,750)·d 2 kabul edilýär. RPM-iň galan elementleriniň ölçegleri olaryň mehaniki berklik şertlerinden ugur alyp, edebiýat [6]-de getirilen umumy mälim bolan aňlatmalar esasynda howply kesiklerde degişli berklik hasaplamalary geçirip tapylýar. RPM-iň esasy şaýlaryny ýasamak üçin şu materiallary ulanyp bolar: pahna üçin – 15 XM, pahnany ugrukdyryjy – 20 ХМЛ, mergenekleriň “barmaklary” – 30 ХМA. Şaýlaryň deslapky ölçegleri hökmünde şulary kabul edip bolar: pahnanyň – ini X beýikligi X uzynlygy = (60÷70) X (75÷100) X (225÷250) mm, “barmaklaryň” diametrleri: d1 = 50, d2 = 40 we d3 = 30 mm. Gapagy açyp – ýapmagyň dowamlylygy ýag sorujynyň öndürijiligine 3 L (m /sag), bagly. Gapagy açmagyň dowamlylygy, sagat, deňdir: π ( DП2 − d ш2 ) ⋅ Х ⋅ N , τα = 4L (5) gapagy ýapmagyň dowamlylygy, bolsa deňdir: τy = πDΠ2 ⋅ Χ ⋅ Ν . 4L (6) Eger Dn = 0,1 m, X = 0,3 m, N= 20 we L = 1 m3/sag. bolsa, onda τy = 0,047 sagat = 2,8 minut bolar. Iş ýüzünde τ a= τy= τ΄ diýip kabul etmek bolar. Mundan başga-da, açyp-ýapmak işlerini amala aşyrmak üçin τt = 5÷10 minut ätiýaçlyk wagt gerek bolar. Gapagy açmak we ýapmak işleriniň hersine τ = τ΄+ τt wagt sarp etmeli bolýar. Görnüşi ýaly, gapagy açyp-ýapmak işleriniň dowamlylygy RPM ulanylanda 4 sagatdan 20÷30 minuta çenli azalýar. Tygşytlanan ≈ 3,5 sagat wagty reaktory goşmaça gyzdyrmaga sarp edilende öndürilýän koksuň hili örän ýokarlanýar [3, 4]. 76 1. 2. 3. 4. 5. 6. Netije Koks reaktorynyň aşakdaky lýugunyň gapagyny açyp-ýapmak işleri mehanizmleşdirildi. RPM ulanylanda reaktoryň aşakdaky lýuguny açyp-ýapmak işlerinde el güýji ulanylmaýar. RPM ulanylanda reaktoryň aşakdaky lýugunyň gapagyny açyp-ýapmak işlerinde işçiniň tenine şikes ýetmek howpy azalýar. Gapagy açyp-ýapmagyň dowamlylygy 4 sagatdan 20÷30 minuta çenli azalýar. Tygşytlanan wagt reaktory goşmaça gyzdyrmaga harçlanýar, netijede, öndürilýän koksuň hili ýokarlanýar. RPM-i hasaplamak üçin esasy aňlatmalar tapylyp, işlenip düzüldi. Tьrkmen politehniki instituty Kabul edilen wagty 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 5-i EDEBIÝAT 1. Красюков А.Ф. Нефтяной кокс. – М., 1983. 2. Сюняев З.И. Замедленное коксование нефтяных остатков. – М., 1987. 3. Begmämmedow H., Kadyrow Ş. Gyzdyrylmaýan koks reaktorynyň tilsimat hasaplamasyna goşant // Türkmenistanda ylym we tehnika. №8. 2005. 4. Бабицкий И.Ф. и др. Расчет и конструирование аппаратуры нефтеперерабатывающих заводов. – М., 1985. 5. Решетов Д.Н. Детали машин. – М., 1989. 6. Беляев Н.М. Сопротивление материалов. – М., 1986. Kh.G.Bekmammedov, Sh.U.Kadyrov ON THE PROBLEM OF IMPROVING OF WORK CONDITIONS AT DELAYED COKING PLANT Providing appropriate conditions of work is one of the urgent problems of state and entrepreneurs. Though annual capital investments of the state in this branch of economy brought to automatization and mechanization of most technological processes of the modern production, the opportunities of further improvement of the means of technical safety and construction of necessary equipment for oil-gas processing industry have not been settled in full yet (the modern delayed coking plant, for example). Though the technological process at these plants have been completely automatized and mechanized, the construction of these coking reactors is not yet perfect. It concerns the process of opening and closing the lid of the lower hatch of the reactor. The construction of wedge-lever mechanism which enables the openingclosing process be completely mechanized would eliminate obviate errors. This 77 mechanism would be the integral part of the reactor whith wedges located radically to the lower hatch’s perimeter and hydraulic driving gear. The article gives some schemes and drafts, formulas for technological calculation of WLM and its parts. The application of WLM would mechanize the opening-closing operation of the lid of the lower hatch of the reactor and avoidmanual labor and industrial injuries accordingly. The duration of such operations decreases from 4 hours to 20–30 minuts. The time saved may be spent for heating the reactor and for coking, thus improving the quality of the product in whole. Х.Г.Бекмаммедов, Ш.У.Кадыров К ВОПРОСУ УЛУЧШЕНИЯ УСЛОВИЙ ТРУДА НА УСТАНОВКЕ ЗАМЕДЛЕННОГО КОКСОВАНИЯ Первостепенной задачей государства и предпринимателей является обеспечение надлежащих условий и культуры труда. Для достижения этой цели ежегодно тратятся огромные средства в результате чего достигнуты немалые успехи, так как технологические процессы современных производств в достаточной степени автоматизированы и механизированы. Тем не менее возможности для дальнейшего усовершенствования средств техники безопасности и конструкции самих аппаратов нефтегазоперерабатывающей промышленности еще не исчерпаны. Приведем в качестве примера современную установку замедленного коксования нефтяных остатков. Технологический процесс этих установок полностью автоматизирован и механизирован. Однако коксовые реакторы по конструкции остаются несовершенными. В частности способ открытия и закрытия крышки нижнего люка реактора не соответствует уровню достижений современной техники и культуры производства. С целью устранения имеющихся недостатков разработана система клинорычажного механизма (КРМ), которая позволяет полностью механизировать операцию открытия и закрытия крышки нижнего люка реактора. Механизм предусмотрен как составная часть реактора, клинья расположены радиально по периметру нижнего люка. Привод механизма гидравлический. В работе приведены необходимые чертежи и схемы, объясняющие принцип работы КРМ. Выведены формулы, позволяющие произвести технологический расчет КРМ и определить размеры его деталей. В результате использования КРМ операцию открытия и закрытия крышки нижнего люка реактора удается полностью механизировать и исключить использование ручного труда. Потенциальные опасности травматизма, имеющие место при выполнении названных операций существующим способом, исключаются. Длительность указанных операций, составляющая в общей сложности около 4-х часов, сокращается до 20÷30 минут. Сэкономленное время используется на дополнительный обогрев реактора и на пропарку кокса, что приводит к улучшению качества продукции. 78 TÜRKMENISTANDA YLYM WE TEHNIKA НАУКА И ТЕХНИКА В ТУРКМЕНИСТАНЕ SCIENCE AND TECHNICS IN TURKMENISTAN №2 2007 A.Nurmuhammedow TÜRKMEN DILINIŇ UZYN E:, Ä: ÇEKIMLILERI WE OLARYŇ TARYHY ÖSÜŞI BARADA Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamada “Müňýyllyklaryň dowamynda türkmenler dinini, dilini, milletiniň arassalygyny saklap gelendigi” [1, 13 s.] hakda ýerlikli aýdan pikiri müň ýyl mundan ozalky uzyn çekimlileriň häzirki zaman dilimizde şol öňküsi ýaly saklanyp gelýändigi barada-da örän mamladyr. Munuň şeýledigine ylmy derňew arkaly oňat göz ýetirmek bolar. Türki dilleriň oguz toparynda, şol sanda türkmen dilinde-de, çekimlileriň uzyngysga aýdylyşynyň örän möhüm taryhy we fonematik ähmiýetiniň bardygyny görnükli alymlaryň birentegi belledi [2, 27 s.; 3, 182 s.; 4, 160 s.; 5; 10, 151-152 s.; 12, 48 s.]. Uzyn çekimliler diliň taryhy ösüşine göz ýetrimäge, onuň fonemalarynyň düzümini we umumy mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Şu düşünjeden ugur alyp, XI asyr ýazuw ýadygärligi bolan Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynyň” [5, 6, 7] dilinde bu meseläniň nähili derejede şöhlenenendigini anyklamagyň ylmy ähmiýetiniň bardygy göz öňünde tutulyp derňew geçirildi. Derňewler, deňeşdirmeler aşakdaky ýaly pikirleri öňe sürmäge mümkinçilik berdi. Häzirki zaman türkmen edebi dilinde ulanylýan gysga çekimli fonemalaryň hemmesi – a, e, o, ö, u, ü, y, i sesleri “Diwanyň” oguz-türkmen sözlerinde duş gelýär. M.Kaşgarly uzyn çekimlileri dogry aňlatmak üçin elip harpyny ( ), astyn (– ), üstün (– ), otur (– ) belgilerini ýazuwda goşmaça ulanyp, olary degişli gysgalardan ussatlyk bilen tapawutlandyrypdyr. Netijede, “Diwanyň” dilinde uzyn a:, e:, o:, ö:, u:, ü:, y:, i: çekimlili sözleriň bardygyny ýüze cykarmak bize başartdy. Şeýlelikde, ol gadymy eserde meňzeş fonetik şertlerde gelip, diňe uzyn-gysgalygy bilen sözleri tapawutlandyrýan sekiz jübüt: a – a:, e – e:, o – o:, ö – ö:, u – u:, ü – ü:, y – y:, i – i: çekimlileriniň bolandygy anyklandy [8, 20-29 s.]. Häzirki zaman türkmen edebi diliniň uzyn çekimlileri bilen deňeşdirilende, “Diwanyň” uzyn çekimlileriniň düzüminde bir aýratynlyk göze ilýär. Ol eseriň dilinde uzyn ä: çekimlisi bilen gelýän sözlere däl-de, esasan, uzyn e: çekimlisi bilen gelýän sözlere gabat gelindi. Şu ýerde uzyn e: çekimlisi we onuň ösüş taryhy barada durup geçmek mümkin. Bu çekimli “Diwanyň” köp sözünde duş gelýär. Hatda onuň özüne ýakyn gysga e we uzyn i: çekimli seslerine gapma-garşy durup, sözleri tapawutlandyryşyna-da, ýagny fonema hyzmatynda gelşine-de duşulýar. Muňa degişli käbir mysallar: keç: aý-kün keçti [5] “geçmek” – ke:ç [5] “gi:ç”, i:ş [5] “i:ş” – e:ş [5] “ýoldaş”; ti:z [5] “dy:z”; te:z [5] “ti:z”; e:l [5, 48-49 s.] “il-gün, ýurt” e:r [5, 45 s.] “ä:r, erkek adam” we ş.m. 79 Gadymy uzyn e: çekimlisiniň häzirki zaman türkmen diliniň käbir ýerli gepleşiklerinde saklanyp galyşyna, hatda özbaşdak fonema hyzmatynda gelşine-de duşulýar. Meselem: ýomut şiwesiniň günbatar gepleşiginde sewiş (söwüş etmek) – se:wiş- (sögüşmek), gökleň şiwesinde sew- (söýmek) – se:w (sö:gmek), nohur şiwesinde geç (geçmek) – ge:ç (gi:ç), be:ş (bä:ş), ge:ň (gi:ň), e:n (i:n) we ş.m. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwanynyň” türkmen diline mahsus sözlerinde duşýan uzyn e: çekimlisi asyrlaryň geçmegi we diliň ewolusion ösüşi bilen bagly iki ugur boýunça üýtgäp, öz ornuny dura-bara uzyn ä: we uzyn i: çekimlilerine beripdir we özbaşdak fonema bolmak ukybyny ýitiripdir. Başgaça aýdylanda, bu ýagdaýy e: i: şekilde aňlatmak bolar.. д: e: > i: degişli mysallar: e:l [5, 48-49 s.] – i:l; ke:ç [5] – gi:ç; te:z [5] – ti:z; e:n [5, 49 s.] – i:n; be:l [5] – bi:l; ke:je [5] – gi:je; te:di : ol maňa andag tedi [5] – diýdi we ş.m. Sözleýişde, berer sözüniň bi:r (biýr), diýer sözüniň di:r (diýr) ýaly aýdylyşyna häzir-de duş gelinýär. e: > ä: degişli mysallar: e:r [5, 45 s.] – ä:r; be:ş [5] – bä:ş; etük [5, 65 s.] – ä:dik; ketmen [5, 444 s.] – kä:tmen; keklik [5, 479 s.] – kä:klik; neçä [5] – nä:çe; dede [5] – dä:de; telü [5] – dä:li; kemi [5] – gä:mi; tegül: tegil [5, 393 s.] – dä:l we ş.m. Häzirki zaman türkmen edebi dilinde uzyn e: cekimlisi ulanylmaýar. Gadymy türki ýazuw ýadygärlikleriniň dilinde uzyn e: çekimlisiniň bolandygy türkolog A.M.Şerbagyň işinde-de bellenýär. Ol alym X–XIII asyr orta Aziýa we Gündogar Türküstana degişli tekstleriň (şol sanda M.Kaşgarlynyň “Diwanynyň-da”) diliniň fonetik, morfologik aýratynlyklaryny öwrenip, olarda sekiz sany gysga – a, e, o, ö, u, ü, y, i we sekiz sany hem uzyn – a:, e:, o:, ö:, u:, ü:, y:, i: çekimlileri bolupdyr diýen netijä gelip [13, 35 s.], olaryň hatarynda uzyn e: sesini görkezýär. Türkmen diliniň gadymyýetinde ýokardaky ýaly 16 sany çekimli fonemanyň bolandygyny hem L.S.Lewitskaýa ynamly nygtaýar [7, 16-17 s.]. Çekimlileriň ýokardaky sanawyndan görnüşi ýaly, olaryň hatarynda uzyn e: sesiniň bellenmegi türkmen diliniň bu çekimlisi barada ýokarda beýan edilen pikir bilen utgaşýar we ony belli bir derejede tassyklaýar. Diliň ösüşiniň soňky döwürlerinde uzyn ä: cekimlisiniň ulanylyş gerimi giňäpdir. Onuň gysga e çekimlisine gapma-garşy bolup, sözleri tapawutlandyryjy hyzmatynyň soň emele gelendigi barada türkolog L.S.Lewitskaýa: “Türkmen dilinde çekimlileriň täze e–ä: gapma-garşylygy emele geldi” [7, 19 s.] diýip ýazýar. Bu pikir hakykata laýyk gelýär. Ýazuw ýadygärliklerinde uzyn e: çekimlisiniň bellenmegi we häzirki zaman türkmen dilinde-de oňa derek uzyn ä: fonemasynyň ulanylmagy gadymy oguz-türkmen dilinde ä: çekimlisiniň bolmandygyny aňlatmaýar. Biziň pikirimizçe, bu çekimli has irki döwürlerde-de türkmen dilinde ulanylypdyr. Munuň şeýledigine degişli birentek delilleri getirmek mümkin. Öňi bilen, belli türkolog A.M.Şerbagyň ol barada öňe süren 80 täzeçe garaýşyna salgylanmak bolar. Alym işinde prof. Ý.D.Poliwanowyň gadymy uzyn çekimliler diňe türkmen, ýakut dillerinde saklanyp galypdyr we gadymytürki uzyn çekimlileri kesgitlemekde (olaryň aslyny dikeltmekde) bu dilleriň sözleri hasaba alynmalydyr diýip aýdan pikirinden ugur alýar. Ol agzalan dilleriň birentek barabar gelýän sözlerini deňeşdirmek bilen, iň gadymy uzyn çekimlili 78 sözüň aslyny dikeldip, olaryň sanawyny berýär [14, 50-52 s.]. Alym şolara we beýleki taryhy materiallara esaslanyp: “Türki dilleriň başlangyç (başdaky) sesleri giň we dar cekimlilerden durýan, biri-birine gapma-garşy sekiz gysga hem-de sekiz uzyn fonemalardan ybarat bolupdyr” [14, 35 s.] diýen netijä gelýär. Şeýlelikde, ol iň gadymytürki çekimliler hökmünde sekiz gysga – a, o, u, y, ä, ö, ü, i we sekiz uzyn a:, o:, u:, y:, ä:, ö:, ü:, i: seslerini görkezýär [14, 76 s.]. A.M.Şerbak bu işindäki gadymytürki hasaplaýan sözlerinde we ýokardaky sanalýan çekimlileriň düzüminde (hatarynda) gysga-uzynlygy bilen tapawutlanýan e – e: jübüt çekimlilerini däl-de, olara derek ä – ä: seslerini belleýär. Bu pikir belli bir derejede jedeli bolmagynda galýar. Çünki ol birentek alymlaryň, şol sanda türkologlar W.W.Radlowyň, Ý.D.Poliwanowyň, L.S.Lewitskaýanyň we beýlekileriň e, e: çekimlileri baradaky pikirine täzeçe garaýar. Şeýle bolsa-da, A.M.Şerbagyň ä we ä: çekimlileriniň gadymylygy baradaky pikiri biziň üçin üns bererlikdir. Çünki ol türkmen diliniň we onuň çekimlileriniň gadymylygyna göz ýetirmäge bize belli bir derejede esas berýär. Alymyň ýokardaky gadymytürki hasaplaýan çekimlileri düzümi we mukdary taýdan häzirki zaman türkmen edebi diliniň 8 gysga we 8 uzyn çekimlilerinden (gysgalar – a, o, u, y, e, ö, ü, i; uzynlar – a:, o:, u:, y:, ä:, ö:, ü:, i:), diňe e (ýa-da ä) çekimlini göz öňünde tutmasaň, birjik-de tapawutlanmaýar. Beýleki türki dilleriň hiç birinde-de şunça mukdarda çekimli fonema ýokdur. Munuň özi türkmen halkynyň we onuň diliniň gadymylygyna, müňýyllyklaryň dowamynda diliniň arassalygyny saklap gelendigine şaýatlyk edýär. Şu ýerde uzyn e: çekimlisiniň häzirki zaman türkmen dilindäki ýagdaýy barada käbir görnükli alymlaryň aýdan pikirlerini hem ýatlap geçmek mümkin. Prof. Ý.D.Poliwanow türkmen dilinde e we ä: çekimlileriniň aýdylyşlaryny anyklamak maksady bilen geçiren köp sanly derňewleri esasynda bularyň özara diňe uzyn-gysgalyk alamaty boýunça tapawutlanýandyklaryna göz ýetriýär. Ol uzyn ä:-niň uzyn e: sesi esasynda soň emele gelendigini (e:r > ä:r, be:ş > bä:ş) we e çekimlisiniň türkmen dilinde uzyn aýdylmaýandygyny ilkinji bolup belleýär [14, 152 s.]. Prof. N.K.Dmitriýew hem soňra türkmen edebi diliniň çekimlileriniň uzyn-gysgalygy boýunça fonematik häsiýetlerini derňäp, uzyn e:-niň bu dilde ýokdugyny nygtaýar [3, 185 s.]. S.Kürenowyň işinde bolsa “geler” sözünden gysgalyp, gepleşikde aýdylýan ge:r sözi (geler > ge:r) bolaýmasa e: çekimlisiniň başga ýerde duşmaýandygy aýdylýar [6, 27-62 s.]. Gürrüň edebi dil hakynda barýandygy üçin, ýokarky alymlaryň pikirleri bilen doly ylalaşmak bolar. Häzirki zaman türkmen edebi dilinde uzyn ä: çekimlisiniň ulanylyşyny anyklamak maksady bilen 80 müň çemesi sözi öz içine alýan “sözlükden” ol çekimli bilen baglanyşykly 170 söz hasaba alyndy. Bularyň köpüsiniň (54% çemesiniň) gadymdan bäri ulanylyp gelinýän hususy türkmen sözleridigi, az böleginiň-de dilde soň peýda bolandygy bilindi. Munuň özi uzyn ä:-niň ulanylyş geriminiň gitdigiçe giňelendigini görkezýär. 81 Uzyn ä: çekimlisi aşakdaky ýaly ýerlerde duş gelýär. 1. Uzyn ä:-niň sada sözlerde gelşine mysallar: ä:ý, wä:k, ä:r, ä:k, ä:ň, mä:z, mä:ş, gä:z, gä:dik, gä:tmek, tä:nmek, dä:nmek, tä:rim, nä:me, nä:çe, mä:lemek we ş.m. 2. Inçe ä: sesine fonetik taýdan özgeren käbir goşma sözlerde gabat gelinýär. Meselem: bä:ri (< bu ýeri), ä:ňet (< a:ň et), gelä:ý (< gelegaý /gelegoý), görä:ý (< göregaý /göregoý), bilä:ý (< bilegaý /bilegoý) we ş.m. 3. Uzyn ä: çekimlisi goşulmalarda we söz bilen goşulmanyň sepgidinde aşakdaky ýaly ýerlerde duş gelýär: a) Ol ses häzirki zaman işliginiň -ýa:r/-ýä:r, häzirki zaman ortak işliginiň -ýa:n/-ýä:n, hal işliginiň ýokluk şekilini aňladýan -ma:n/-mä:n, hal ýasaýjy -ýa:n-ça:/ -ýä:nçä:, -ýa:rka/-ýä:rkä:, -ma:nka:/mä:nkä:, orun-degişlilik aňladýan -da:-ky/-dä:ki ýaly goşulmalarda ulanylýar. Meselem: gelýä:r, bilýä:r, gelýä:n, bilýä:n, görmä:n, bilmä:n, gelýä:ncä:, görýä:nçä:, gelýä:rkä:, diýýä:rkä:, diýmä:nkä:, sendä:ki, öýdä:ki we ş.m. b) Soňy e çekimlisine gutaran at sözler 1-nji ýöňkemäniň -m, -myz/-miz, 2-nji ýöňkemäniň -ň, -ňyz/-ňiz goşulmalary bilen we eýelik düşümiň -nyň/-niň, -ň, ýeňiş düşümiň -ny/-ni, ýöneliş düşümiň -a/-e goşulmalary bilen üýtgänlerinde uzyn ä: çekimlisi aýdylýar. Käbir mysallar: göle – gölä:m, gölä:miz, gölä:ň, gölä:ňiz, gölä:niň, gölä:ni, gölä:, dereje – derejä:niň, derejä:ni we ş.m. ç) Soňy e çekimlisine gutaran düýp işliklere hal işliginiň -p (-yp/-ip/-up/-üp), ortak işliginiň -n (-an/-en) goşulmasy goşulanda, iki çekimliniň birleşmegi bilen uzyn ä: sesi emele gelýär. Käbir mysallar: i:şle – i:şlä:p, sözle – sözlä:p, gürle – gürlä:n, di:şle – di:şlä:p, dişlä:n we ş.m. d) Soňy i çekimlisine gutaran atlar ýöneliş düşüm bilen üýtgände, iki çekimliniň birleşmegi bilen uzyn ä: sesi aýdylýar. Mysallar: süri + e > sürä:, Dürli + e > Dürlä:, Berdi + e > Berdä:, kiçi + e > kiçä: we ş.m. 4. Uzyn ä: çekimlisi -a:/-ä:, -da:/-dä:, -ha:/-hä:, -kä:, -kä:te ýaly ownuk böleklerde-de duş gelýär. Meselem: sen-ä:, gel-ä:, geler-dä:, berer-dä:, Ene-hä:, kä:bir, kimkä:, kä:te we ş.m. 5. Uzyn ä: sesi alynma sözleriň türkmen dilinde özleşdirilip aýdylyşynda duş gelýär. Käbir mysallar: ä:pet, ä:girt, ä:mert, ä:şgä:r, çä:re, çä:rýek, çä:ýnek, hä:zir, mä:lim, mä:tä:ç, kä:rende, kä:riz, kä:ti:p, kä:şke, pä:k, pä:ki, pä:kize, pä:lwan, tä:miz, tä:leý, tä:si:r, tä:ç we ş.m. Alymlaryň gysga e, ä we uzyn e:, ä: çekimlileri barada aýdan pikirlerini göz öňünde tutup hem-de ýokarda getirilen türkmen diliniň mysallaryna esaslanyp, aşakdaky ýaly netijelere gelmek mümkin. Biziň pikirimizçe, gadymy oguz-türkmen dilinde e, ä sesleriniň ikisi-de e//ä görnüşinde bir gysga fonemanyň, e:, ä: çekimlileriniň ikisi-de e://ä ýagdaýynda bir uzyn fonemanyň wariantlary hökmünde ugurdaş (parallel) ulanylypdyr. Mysal üçin gel(mek) işligi “gel” we “gäl” şekillerinde, erkek adamy aňladýan er sözi-de “e:r” we “ä:r” görnüşlerinde ugurdaş ulanylypdyr. Meşhur türkolog E.W.Sewortýan beýleki türki dillerdäki etük, er/e:r sözleriniň türkmen dilinde ä:dik, ä:r ýaly aýdylyşyndan ugur alyp, gadymy türki taýpalaryň dilinde dar e we giň ä: çekimlileri parallel ýagdaýda ulanylypdyr, ýagny ýokarky sözler etük/ä:dik er/ä:r kimin görnüşlerde 82 ugurdaş aýdylypdyr diýip çaklaýar. Alym ol sözlerde aýdylýan ä:-ni etimologik uzynlyk hasaplaýar. Onuň bu pikiri hakykata ýakyndyr. Munuň şeýle bolandygyna häzirki zaman türki dilleriň birnäçesinde (azerbaýjan, uýgur, başgyrt, tatar, gazak we ş.m.), şol sanda türkmen dilinde we onuň şiwelerinde-de gysga e, ä çekimlileriniň bir fonema (ýa-da bir fonemanyň dürli wariantlary) hökmünde, uzyn e:, ä: çekimlileriniň hem başga bir fonema (ýa-da bir fonemanyň dürli wariantlary) hökmünde duş gelmegi şaýatlyk edýär. Asyrlaryň dowamynda diliň ösmegi, baýlaşmagy we kämilleşmegi bilen gysga e, ä çekimlileriniň artikulýasion we akustiki häsiýetleri özara ýakyn (ikisi-de giň, alynky hatar, dodaklanmadyk), uzyn e:, ä: sesleriniň-de aýdylyş häsiýetleri özara ýakyn (ikisi-de giň, alynky hatar, dodaklanmadyk) ses bolandyklary üçin, olaryň birden-biri esasy ses – fonema hökmünde saýlanyp, sözleri tapawutlandyrmaly bolupdyr. Türkmen dilinde şeýle hyzmaty gysga fonema üçin ortaky galyş e çekimlisi, onuň uzyn jübüti – fonemasy üçin-de aşaky galyş ä: sesi ýerine ýetirip başlaýar. Bu çekimliler irki döwürlerde özara gapma-garşy bolup: çek- (işlik) – çä:k (at); ek- (işlik) – ä:k (at); et (at, işlik) – ä:t- (işlik); eň- (işlik) – ä:ň (at); ger- (işlik) – gä:r (sypat); ten (at) – tä:n- (işlik) ýaly sözleri tapawutlandyryp gelipdir. Häzirki döwürde şeýle fonologik (gapma-garşy) jübüt sözleriň sany köpelip, dilde olaryň ýigrimä golaýy duş gelýär. Munuň özi e – ä: gapma-garşylygy boýunça ol çekimlileriň fonema derejeleriniň has ýokary göterilendigini aňladýar. Türkmen diliniň öz içki serişdeleriniň (goşma sözleriň gysgalmagy, söz bilen goşulma arasynda alynky hatar iki çekimliniň birleşmegi esasynda) we alynma sözleriň hasabyna uzyn ä: çekimlisiniň edebi dilde ulanylyş gerimi has giňäpdir. Munuň tersine, uzyn e: çekimlisiniň ulanylyş gerimi gitdigiçe daralyp, ýok bolmak hetdine ýetipdir. Şeýlelikde, türkolog L.S.Lewitskaýanyň türkmen diliniň çekimlileriniň düzüminde hil we mukdar taýdan tapawutlanýan täze e – ä: fonologik jübüti soňky döwürlerde emele gelipdir [7, 19 s.] diýen pikiri tassyklanýar. Gadymy türkmen sözlerinde we köp sanly goşulmalarda uzyn ä: çekimlisiniň duş gelmegi onuň has gadymy, ilkibaşdaky sesleriň biridigini aňladýar. Tьrkmenistanyň Prezidentiniň эanyndaky YTЭG-yň Magtymguly adyndaky Dil we edebiэat instituty Kabul edilen wagty 2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 27-si EDEBIÝAT 1. Saparmyrat Türkmenbaşy. Ruhnama. – Aşgabat: TDNG, 2001. 2. Annanurow A. Fonetika dil biliminiň bölümidir. – Aşgabat, 1959. 3. Дмитриев Н.К. Долгие гласные в туркменском языке // Исследования по сравнительной грамматике тюркских языков, ч.1. Фонетика. – М., 1955. 83 4. Исхаков Ф.Г. Долгие гласные в тюркских языках // Исследования по сравнительной грамматике тюркских языков, ч.1. Фонетика. – М., 1955. 5. Kaşgarly M. Divanü lugat-it türk terjimesi (çeviren Besim Atalay), 4-nji neşir, I-III j. – Ankara, 1999. 6. Kürenow S. Türkmen diliniň uzyn we gysga çekimlileri. – Aşgabat, 1971. 7. Левитская Л.С. К реконструкции пратюркского вокализма // Сравнительноисторическая грамматика тюркских языков. Фонетика. – М., 1984. 8. Муталлыбов С.М. “Дивану лугат-ит турк Махмуда Кашгарского (перевод, комментарий, исследование). АДД. – Ташкент, 1967. 9. Nurmuhammedow A. M.Kaşgarynyň “Diwanynda” uzyn çekimlileriň görkezilişi // Türkmenistanda ylym we tehnika, 2002. №4. 10. Nurmuhammedow A. M.Kaşgarynyň “Diwanynda” uzyn çekimlileriň fonologik hyzmaty we türkmen diliniň çekimli fonemalary // Türkmenistanda ylym we tehnika, 2002, №5. 11. Поливанов Е.Д. К вопросу о долгих гласных в общетюркском праязыке// Доклады АН СССР, Серия “В”. – Л., 1927. №7. 12. Поцелуевский А.П. Фонетика туркменского языка. – Ашхабад, 1936. 13. Щербак А.М. Грамматический очерк языка тюркских текстов X–XIII вв. из Восточного Туркестана. – М.-Л., 1961. 14. Щербак A.M. Сравнительная фонетика тюркских языков. – Л., 1970. A.Nurmuhammedov LONG E: Ä: VOWELS AND THEIR HISTORICAL DEVELOPMENT IN THE TURKMEN LANGUAGE Many scientists (E.D.Polivanov, A.P.Potseluevskiy, N.K.Dmitriyev, A.M.Scherbak, A.Annanurov, S.Kurenov) asserted that long and short vowels in the Oghuz-Turkic group of languages play an important historical and phonological role. This opinion was proved by the language material of the ancient written monuments and of the present-day Turkic languages. Along with other vowel contrapositions in the language of “Divanu lugat-it turk” by Mahmood Kashgari (the XI-th century) the [e] – [e:] contraposition, which differentiated words (keç “pass by” – ke:ç “late”, etc.) has been revealed. Long [e:] phoneme used in “Divan” throughout many centuries has developed in two directions: it turned into long [ä:] vowel (e:r > ä:r, beş > bä:ş) in some words, and into long [i:] (e:l > i:l, ke:ç > gi:ç) phoneme in other ones. Thus, long [e:] phoneme ceased to exist in the contemporary Turkmen literary language. Currently, instead of the ancient [e] – [e:] contraposition of vowels there is a new pair of opposed to each other vowel phonemes. It is the [e] – [ä:] contraposition, which differentiates words like et “meat” – ä:t “make a step”, eň “descend” – ä:ň “jaw” and so on. In the present-day Turkmen language [ä:] phoneme is used in many simple (ä:r “a man”, ä:ň “jaw”, mä:z “gland”), compound (bä:ri < bu ýeri “this place, here”, 84 ä:ňet < a:ň et “look”) and borrowed (kä:tip “secretary”, tä:miz “clean”, kä:r “profession”, çä:rýek “quarter”) words, and in numerous affixes. These facts serve as good evidence that long, front and low vowel [ä:] has existed in the Turkmen language primordially, since the ancient times. This article provides more details and insight into the matter. А.Нурмухаммедов О ДОЛГИХ ГЛАСНЫХ E:, Ä: И ИХ ИСТОРИЧЕСКОМ РАЗВИТИИ В ТУРКМЕНСКОМ ЯЗЫКЕ По мнению многих лингвистов (Е.Д.Поливанов, А.П.Поцелуевский, Н.К.Дмитриев, А.М.Щербак, А.Аннануров, С.Куренов) долгота и краткость гласных в языках огузской группы имеют важное историческое и фонологическое значение. Свидетельством чего являются языковые материалы древних письменных памятников, а также современных тюркских языков. Так, в языке “Дивану лугат-ит турк” Махмуда Кашгарского (XI в.) наряду с другими противопоставлениями гласных имеется и противопоставление [е] – [е:], по которому различались слова (keç “проходи” – ke:ç “поздно” и др.). Долгая гласная фонема [е:], употребляемая в языке “Дивана”, в течение многих столетий развивалась по двум направлениям: в одних словах она трансформировалась в долгий звук [ä:] (e:r > ä:r, beş > bä:ş), а в других – в долгий [i:] (e:l > i:l, ke:ç > gi:ç). Таким образом, долгая фонема [е:] перестала существовать в современном туркменском литературном языке. В настоящее время вместо исторического противопоставления гласных [е] – [е:] возникло новое противопоставление [e] – [ä:], различающее слова типа et “мясо” – ä:t “шагай”, eň “спускайся – ä:ň “челюсть” и др. В современном туркменском языке гласная фонема [ä:] употребляется во многих простых коренных (ä:r “мужчина”, ä:ň “челюсть”, mä:z “железа”), сложных (bä:ri < bu ýeri “сюда”, ä:ňet < a:ň et “смотри”), заимствованных (kä:tip “секретарь”, tä:miz “чистый”, kä:r “профессия”, çä:rýek “четверть”) словах, а также в многочисленных аффиксах. Эти факты свидетельствуют о том, что долгая, переднерядная, нижнего подъема гласная [ä:] существует в туркменском языке изначально, с древних времен. В данной статье факты излагаются в широком плане. 85 TÄZE SAHYPA Dünýä belli taryhçy akademik W.W.Bartold (1869–1930) köp sanly bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp eserleri ylym dünýäsine miras goýup giden meşhur alymdyr. Ol özüniň “Türküstan mongol çozuşlary eýýamynda” (1900 ý.) atly ilkinji düýpli we nusgawy eserinde Orta Aziýa halklarynyň irki orta asyrlar döwründäki taryhyny ylmy nukdaýnazardan öwrenmekde we ýazmakda onuň esasyny goýupdyr. Alymyň soňky 30 ýylyň dowamynda döreden ähli eserleri özüniň çuň manylylygy, täzeçilligi bilen, her bir okyjyny özüne bendi edýär. Ol täsin galdyryjy başarjaňlyk bilen arap, pars we türki dillerinde ýazylan ilkinji çeşmelerden peýdalanypdyr, olary beýleki dürli çeşmeleriň maglumatlary bilen deňeşdirip, her bir taryhy hadysa we oňa degişli delillere dogry baha beripdir. Şonuň üçin W.W.Bartoldyň eserleri, olaryň ýazylan döwründen ep-esli wagtyň geçendigine seretmezden özleriniň ähmiýetlerini saklap, alymlaryň ýan kitaplary bolmaklaryny dowam etdirýär. Awtoryň köp jiltli eserler toplumynyň birinji jildini taýýarlaýjylaryň belleýşi ýaly “Bir ýurdy (Orta Aziýa göz öňünde tutulýar. – A.Ýa.) öwrenmek boýunça şeýle köp işleri bitiren, şonuň ýaly beýleki bir alyma dünýä ylmynyň taryhynda duş gelmek kyn. Ol sözüň doly manysynda Orta Aziýanyň taryhyny döredip, adatça, ylmy barlagçylaryň birnäçe nesilleriniň bitirjek işlerini bir özi berjaý edipdir”. Akademik W.W.Bartold türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhyny, edebi mirasyny öwrenmekde hem önjeňli işlän alymdyr. Olar bilen bagly meseleler onuň köp sanly eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. W.W.Bartoldyň 1929-njy ýylda neşir eden “Türkmen halkynyň taryhynyň oçerki” atly nusgalyk işi bu meselä bagyşlanyp ýazylan ýörite işdir. Ol özüniň ähmiýetini biziň günlerimizde hem dolulygyna saklap gelýär. Beýik alym “Dädem Gorkut kitabyny” ilkinji bolup XIX asyryň ahyrynda oguz (türkmen) dilinden ors diline ussatlyk bilen geçiripdir. Ol 1962-nji ýylda aýratyn kitap görnüşinde çap edilipdir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy peşgeş hökmünde halkymyza gowuşmagy bilen, türkmen halkynyň geçmiş taryhynda belli bir yz galdyran şahsyýetlere bolan gyzyklanma has hem artdy. Şol jähtden seredeniňde, taryhy şahsyýetler bilen gös-göni baglanyşykly tutumly terjime işiniň ýerine ýetirilmegi derwaýys mesele. Bu terjime işi taryhy şahsyýetleriň 30-dan gowragynyň ömür beýanyny öz içine alýar. Olaryň käbirleri türkmenleriň guran döwletleriniň hökümdarlary bolsa, beýlekileri şolar bilen goňşuçylykda ýerleşen döwletlere baştutanlyk edipdirler. Ýöne olar hem türkmen döwletleri bilen belli bir derejede gatnaşykda bolupdyrlar. Ýerine ýetirilen terjimede Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň mukaddes Ruhnamasynda hem uly orun eýeleýän Horezm türkmenleriniň, Köneürgenç türkmenleriniň, Garahanlylar türkmen döwletleriniň we beýlekileriň hökümdarlary baradaky gyzykly maglumatlar hemmeleriň ünsüni çekse gerek. Horezmiň hökümdary Atsyz, Horasanyň hökümdary Ahmet bin Sähl bin Haşim, Garahanlylaryň neberesinden Mawerannahra hökümdarlyk eden Arslan han, Orta Aziýada dürli döwletleri dolandyran Baýramaly han, Orta Aziýada dürli döwletleri dolandyran Ilek hanlar; şolaryň neberelerinden bolan Bugra han; Böri-tegin; Horezmiň (Köneürgenç türkmenleriniň) hökümdary Tekeş; Horezmde türk keramatlylarynyň biri, Hoja Ahmet Ýasawynyň iň 86 gowy şägirtleriniň biri Hekim ata; Horezmde horezm şalar neberesini esaslandyryjy Kutb-ad-din Muhammet… ýaly ençeme şalar, hökümdarlar, hanlar, olaryň ykballary ýerine ýetirilen terjime işiň esasyny düzýär. Uruş, ýaraşyk, garyndaşlyk açmak, dönüklik… ýaly ýagdaýlar käte şol bir neberäniň çäklerinde gaýtalanyp duran adaty ýagdaýa öwrülýär. Ine, olaryň ýekejesiniň, ýagny Baýramaly hanyň ykbaly baradaky gysgaça hekaýat: “Baýramaly han Merwiň hökümdary. Onuň kakasy gajarlar urugynyň yzzadynly toparyndan gelip çykýar, gajarlar Merwde şa Apbas I döwründen bäri agalyk edipdirler, ejesi – türkmenleriň salyr taýpasyndan, onuň özi, habar bermeklerine görä, türkmenleriň arasynda adatdan daşary batyr esger hökmünde şöhrat gazanypdyr. Myrat beg (Masum şa) buharaly bilen uruşda ol özüniň gözsüz batyrlygy netijesinde gabawa düşdi we söweşde wepat boldy, onuň kellesi Buhara eltildi we jeza berilýän belent ýerde görkezmek üçin goýuldy. Merwde onuň ikinji ogly Muhammetkerim oňa mirasdar boldy; onuň uly ogly Muhammet Hüseýin öz ömrüni ylma bagş etdi we “öz döwrüniň Platony” (Aflatuny-i-wakt) şöhrathna eýe boldy…”. W.W.Bartoldyň beýik şahsyýetler baradaky ýazgylary beýan ediliş usulynyň dürli möçberliligi bilen tapawutlanýar. Şol şahsyýetlerden Altyndaş, Arslan han, Atsyz, Afşin, Ahmet bin Sahl bin Nasym, Baba beg, Baýramaly han, Baýsunkar, Isgender han, Ysmaýyl bin Nuh, Kutb-ad-din Muhammet… dagylar baradaky ýazgylar bir sahypadan geçmeýän bolsa, Bugra han, Borak han, Burhan, Horezmşalar… we beýleki käbirleriniň ýazgylary 3-4 sahypa möçberindedir. Terjime edilen ýazgylarda diňe türkmenleriň guran döwletleri bilen baglanyşykly şahsyýetleriň terjimehaly däl, eýsem mongol basybalyjylary bilen gös-göni baglanyşykly şahsyýetler baradaky maglumatlaryň hem öz beýanyny tapandygy ünsi çekýär. Şolardan Çagataý han we Şeýbanylar (mongollardan dörän nesiller) hem olaryň ykbaly baradaky täsin maglumatlar hem köpleriň ünsüni çekse gerek. Häzirki wagta çenli Özbegistanyň çäklerinde ýaşap gelýän sartlar diýlip atlandyrylýan halk barada hem terjimede täsin maglumatlar bar. Şolaryň adynyň gelip çykyşynyň birnäçe görnüşleri barada gürrüň gozgalýar, “Sart” ilkibaşda “täjir” manysyny berýän türk sözi bolupdyr, şol manysynda ol “Kutadgy bilikde” hem ulanylypdyr” diýlip, olar baradaky ýazgynyň başynda nygtalýar. Reşid-ad-din bolsa “garlyklaryň (yslam dinine giren) hökümdary Arslan han mongollara tabyn bolanda, ol şolar tarapyndan “sartaktaý”, ýagny “täjik” atlandyrylypdyr” diýip gürrüň berýär. Ahyr soňunda hem “oturymly ilat babatda çarwalar tarapyndan gizläp bolmajak ýigrenç bilen ulanylýan we halk arasynda gelip çykyşy “sary it” diýlip düşündirilýän sart sözi häzir ulanyşdan galdyryldy” diýlip düşündirilýär. Umuman, tutuşlygyna alanyňda W.W.Bartoldyň türkmenler we türki halklary bilen baglanyşykly taryhy şahsyýetler baradaky ýazgylary gyzykly hem täsirli maglumatlary özünde jemleýär. Olaryň ýokary hilli terjime edilmegi geljekde türkmen okyjylarynyň arasynda hem uly gyzyklanma döredip bilerdi. Şoňa görä-de, bu ýazgylaryň geljekde aýratyn kitap görnüşinde neşir edilmegi türkmen jemgyýetçiligi üçin iňňän peýdaly bolardy. Biz şu makalamyzda akademik W.W.Bartoldyň türkmen halkynyň taryhynda belli bir derejede yz galdyran käbir taryhy şahslara degişli işlerinden bölekleri terjime edip, ylmy jemgyýetçilige we okyjylar köpçüligine hödürlemegi makul bildik. Redaksiýanyň adyndan t.y.k. A.Ýazberdiýew. 87 Akademik W.W.Bartoldyň “Orta Aziýanyň taryhyndan aýratyn derwaýys meseleler boýunça işler” atly eserler ýygynydysynyň “Yslam ensiklopediýasyndan” makalalar” bölümi (II tom, 2-nji bölüm. Taryhy şahslar hakynda) Bugra han Bugra han, (Orta Aziýada) ilek hanlaryň türk neberesinden ýa-da Garahanlylardan1 bolan hökümdarlaryň köpüsiniň derejesidir. Olardan has ady bellileri şulardyr: 1. Satuk Bugra han Ab al-Kerim, bu neberäniň agzalarynyň ilkinjisidir, habar bermeklerine görä, ol yslam dinini kabul edipdir we ony öz döwletinde ýaýradypdyr. Ibn al-Asir (Tonebergiň neş., XI, 54) ony Satuk (Şabuk deregine şeýle okamak gerek) Garahakan diýip atlandyrýar. Umuman, onuň ýurdy dolandyryşy barada hem, eger diňe Ibn al-Asiriň (Tornbergiň neş., VIII, 396) köp sanly türk halkynýň 349/960 ý. yslamy kabul edişi baradaky hekaýaty bu hökümdaryň raýatlaryna degişli bolaýmasa, başga hiç hili ynamdar habarlar ýok. Jemal Garşynyň ýazgylaryna laýyklykda, (ser. Bartold, Türküstan, I bölüm, 130 sah. we sözl.) ol eýýäm 344/955–56-njy ýylda aradan çykypdyr; onuň gubury Artujada (häzir Artyş) ýerleşýär we häli-häzire çenli zyýarat edilýän ýer bolup durýar. Onuň Tazkiraýi Bugra han ady bilen belli bolan ömür beýany F.Grenar tarapyndan gaýtadan işlenilipdir (La legende) we şübhesiz, rowaýata öwrülendir. Şol rowaýatyň aýry-aýry bölekleri eýýäm bize gelip ýeten çeşmeleriň iň gadymylarynda duş gelýär, Jemal Garşynyň ýazgylarynda galanlary soňrak goşulypdyr, bu rowaýatlaryň astynda haýsydyr bir taryhy maglumatyň ýatandygyny anyklamak mümkin däl. 2. Bugra han Harun b. Musa (Ibn al-Asirda, Tornbergin neş., IX, 68: Harun b. Süleýman)2, öňküniň agtygy, şol nebereden Mawerannary ilkinji basyp alan. Samany döwletiniň kuwwaty Nuh b. Mansuryň döwründe (365-367/997-999 ýý.) içerki bulagaýlyklar zerarly opurylypdy; haçan-da basybalyjy 380/990 ýý. öz paýtagty Balasagundan (ser. E.I, I, S.639) Samanylar döwletiniň demirgazyk-gündogar serhediniň golaýyndaky Isfijab (häzirki Saýram, Çimkendiň golaýynda) şäheriniň öňünde peýda bolanda, ol hiç ýerde düýpli garşylyga gabat gelmedi; hatda Samanylara duşmançylykly meýilli bolan barly gatlaklaryň özi türkleri çagyrdy diýip, habar berýärler. Eýýäm 382nji hijri ýylynyň rebi-us-sani (992-nji ýylyň Magtymguly aýynyň 7-si – 992-nji ýylyň Nowruz aýynyň 5-i) aýynda Bugra han Buhara, Samanylaryň paýtagtyna girip bildi, ýöne şondan soň tiz wagtdan miweleri çenini bilmän, ölçegsiz iýenligi zerarly agyr näsaglap, basyp alan ýurduny terk etmäge mejbur boldy. Eýýäm şol ýylyň jumady-as-sani aýynyň, hoşgüni (Alp Arslan aýynyň 17-si) Nuh öz paýtagtyna dolanyp geldi; Bugra hen Kaşgara 1 O.Prisagyň geçiren barlaglaryna laýyklykda, Garahanlylaryň kaganlygyna Arslan-Gara-hakan ýa-da Arslan han derejesi bolan ýokary kagan baştutanlyk edipdir, paýtagty Ordu (Gara-ordu ýa-da Kuz-ordu) Balasagunyň ýanynda ýerleşip, onuň kagan-gezekleşikli hökümdary (“Mit-Qatan”) bolupdyr,.ol Bugra-Gara-hakan (ýa-da Bugra han) derejesini göteripdir we kaganlygyň günbatar bölegini dolandyrypdyr, paýtagty Tarazda (bir wagtlar Kaşgarda) ýerleşipdir. Arslan han ölen ýagdaýynda Bugra han onuň ýerine geçipdir we onuň derejesini kabul edipdir. O.Prisagyň pikirine görä, ýokary häkimiýetiň şeýle guralyşy garlyk taýpalarynyň ikä bölünen guramasyny aňladypdyr. Kaganlaryň ikisiniňem derejeleri garlyklaryň iki taýpa toparynyň oňonlaryna laýyk gelipdir: Arslan (ýolbars) – çigillerden we Bugra (düýe) – ýagmalardan bolupdyr. (Ser. kitapdan göçürmeli – 506 s. 1 çykgyt). 2 Onuň ady dogry: Abu Musa al-Hasan (Harun) b. Süleýman (ser. Pritsak, Die Karachaniden, s. 26) – Ý.B. 88 barýan ýolda Goçgarbaşy diýen ýerde öldi, belki, şol ýer Çu derýasynyň gözbaşyndan uzakda däldir, sebäbi, häzirem şol ýer Goçgar diýlip atlandyrylýar. Ibn al-Asir (Tornbergin neş., IX, 68 we sözl.) özüniň baş çeşmesinde, ýagny Utbi Ta rih-i Ýamüni işinde takyk sene tapmansoň, Bugra hanyň Buharany basyp almagyny diňe 383/993–94nji ýyllara degişli edýär, ýöne bu tassyklama Gardiziniň we Beýhakynyň (Morleýiň neş., 234) biri-birine doly laýyk gelýän hekaýatlary bilen gürrüňsiz ýalana çykarylýar (ser. Bartold. Türküstan, I böl., 12 s.). 3. Bugra han Muhammet b. Ýusup, öňküniň agtygy. Öz kakasy, Kagşgary dolandyran Kadyr han Ýusup dirikä, ol Ýagan-tegin3 derejesini göteripdir; (423/1032 ý.) öz kakasy aradan çykmagyndan soň hem öz dogany (agasy) Arslan han Süleýmanyň tagta çykmagyndan soň, Bugra han derejesini aldy hem oňa mülk hökmünde Taraz (häzirki Öwlüýä ata)4 we Isfijab berildi. Şazada hökmünde hem, hökümdar hökmünde hem ol Gaznalylar bilen baglanyşyklydy we şolaryň kömegi bilen öz duşmany Alp-tegini (ser. ýokarda, 491 s.) kowup çykarmagy umyt edýärdi, ýöne bu meýilnamany amala aşyrmak başartmady; onuň Zeýnebe, soltan Mahmydyň gyzyna we soltan Masudyň uýasyna öýlenmek meýli hem, Mahmydyň döwründe şazadanyň özüniň 416/1025-nji ýylda öz gelinliginiň yzyndan Balha gelendigine garamazdan, başa barmady (deňeşdir, Beýhaky, Morleýiň neş., 655 we sözl.). Masudyň döwründe nikalaşmagyň ýene yza çekdirilmeginden soň, Bugra han seljuklar bilen gatnaşygy ýola goýdy we Gaznalylaryňam, öz dogany Arslan hanyňam duşmany boldy; her niçik-de bolsa, Masud tarapyndan iberilen ymam Abu Sadyk Tebany 428-nji ýylyň zülkada aýynyň (7-sinde) /1037-nji ýylyň Alp Arslan aýynyň 23-ünde Gaznadan ugrap, 1 ýyly türkleriň ýerinde geçirensoň, Bugra hany köşeşdirmek we ony öz dogany bilen ýaraşdyrmak başartdy. Şol ýyllarda Bugra hanyň ady bilen teňňeler Mawerannahryň özünde zikgelenipdir, munuň özi bolsa onuň häkimliginiň şol ýerde hem ykrar edilendigi barada netijä gelmäge mümkinçilik berýär. Ibn al-Asiriň ýazgylaryna laýyklykda, (Tonebergiň neş., IX, 358), ol hem 436/1044–45-nji ýyllarda Mawerannahrda5 şaýylaryň hereketini ganly rehimsizlik bilen ýatyrdy. Şol döwürde ýurtda şaýylaryň wekilleri Fatymy, Mustansir (427–487/ 1036-1094 ý.ý.) üçin tarapdarlary üstünlikli hakyna tutýardylar; Bugra hanyň özi göz üçin dinden çykanlary goldaýardy, ýöne diňe olary aldamak üçin şeýle edýärdi; olar hanyň oňat garaýşy arkaly özlerini her hili howpdan daşda hasap eden wagtlarynda bolsa paýtagtda hem welaýatda duýdansyz buýruk berildi. Ibn al-Asire salgylansaň (Tornbergiň neş., IX, 211), Bugra han diňe 439/1047–48-nji ýyla çenli ýaşapdyr, ýöne Beýhakynyň ýazgylaryna görä (Morleýiň neş., 230), döwürdeşi hökmünde ol, elbetde, has uly ynama mynasypdyr, ol 449/1057–58-nji ýyla çenli ýaşapdyr. Çeşmeleriň ikisine-de salgylansaň (Ta’rih-i Beýhakynyň golýazmalarynyň ýazgysy şol ýerde, 1307/1889–90-njy ýylda litografirlenen pars neşirde (193 s.) dogry görkezilişi ýaly, şübhesiz zaýalanypdyr), öz ölüminiň öň ýanynda ol öz dogany Arslan hany ýurtdan çykaryp kowupdyr we onuň 3 Bu dereje hakda ser. Bartold, Tьrkьstan – häz. neş., I tom, 346 s., 4 bellik; Pritsak, Die Karachaniden, 23 s. – Ý.B. Indi Gazagystandaky Jambyl şäheri. W.W.Bartold ýalňyşlyk bilen Bugra hana, günbatar garahanly döwletiniň Mawerannahrdaky (bilelikde dolandyryjy kagany) Ybrahym b. Nasra degişli maglumatlary Muhammet b. Ýusuba degişli edilpdir; (ser. Aşakda, 513 s. Böri-tagan makalasy); ser. Pritsak, Die Karachaniden, 45 s. Bartoldyň ýalňyşlygy şol döwürde 433/1041–42 ý. garahanly kaganlygynyň aýratynlykdaky iki kaganlyga – günbatar we gündogar kaganlyklaryna bölünendiginiň entek anyklanylmandygy bilen düşündirilýär, şolaryň her birinde ýokary kagan (Arslan han) we bilelikde dolandyryjy kagana (bugra han) bolupdy – Э.B. 4 5 89 döwletini eýeläpdir. Ibn al-Asire salgylansaň, Bugra han öz aýaly tarapyndan zäherlenip öldürilipdir, şol aýal onuň türmedäki agasyny hem bogup öldürmegi buýrupdyr. 4. Bugra han, Kaşgaryň hökümdary, Balasagunganly Ýusup has-hajyp oňa 462/ 1069–70-nji ýylda ýazan “Kutadhu bilik” atly öwüt berijilik häsiýetli poemasyny bagyşlapdyr. Belki, ol Bugra han Harundyr, Ibn al-Asire salgylansaň, (Tornbergiň neş., IX, 212 we sözl.) – ol mundan öňküniň dogany6 bolmaly. Habar bermeklerine görä, şu Bugra han 16 ýylyň dowamynda öz dogany Togrul-Gara-hakan bilen bilelikde dolandyran hökümdar hökmünde, soňra bolsa ýene 29 ýyllap özbaşdak hökümdar bolup, Kaşgarda, Hotanda, Balasagunda şalyk sürüpdir; onuň ölen ýyly hökmünde 496/1102– 03-nji ýyly agzaýarlar. Şeýle bolsa, Ibn al-Asir tarapyndan (Tornbergiň neş., X, 112 we sözl.) habar berilýän “Kaşgaryň hany” baradaky maglumatlar şu hana dahylly bolaýmaly ýaly, şol han 482/1089-njy ýylda, hamala, soltan Mälik şanyň tabynlygynda bolanmyş; şol ýeriň özünde şu han bilen onuň dogany Ýakup-teginiň (Atbaşyň hökümdarynyň) we ýene bir hökümdaryň, Togrulyň arasynda bolan göreş barada hem habar berilýär, ýöne üstesine-de, şol göreşiň gutarnykly netijesi barada hiç zat aýdylmaýar. Atsyz Atsyz b. Muhammet b. Anuş-tegin, Horezmiň hökümdary (Horezmşa), şol wezipäni 521 ýa-da 522/1127–1128-nji ýylda Seljuk soltany Sanjaryň elgaramasy hökmünde öz kakasyndan miras alypdy. Ol ozaly bilen Jendi we Maňgyşlagy (türkleriň eýeçiligindäki Müňgyşlak Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýär) eýeläp hem Türküstanyň jümmüşine ýöriş edip, öz eýeçilgindäki ýerleri giňeldipdi; şondan köp wagt geçmänkä ol özüni garaşsyz diýip yglan etdi, ýöne 533/1138-nji ýylda Hazaraspyň eteginde Sanjar tarapyndan paýhyn edildi we ýurtdan kowlup çykaryldy; Sanjar Horezmşa hökmünde öz ýegeni Süleýman b. Muhammedi oturtdy, ýöne Atsyz eýýäm şondan soňky ýylda ilat tarapyndan yzyna çagyryldy, şazada bolsa kowuldy. 535-iň şowwal /1141-nji ýylyň Magtymguly aýynda Atsyz soltana boýun egdi we oňa üýtgewsiz wepadar bolmaga kasam etdi, ýöne eýýäm aradan birnäçe aý geçensoň, ol öz kasamyny bozdy, şonda garahytaýlylar bilen söweşde ýeňilmegi netijesinde (53-nji ýylyň sapar aýynyň 5-inde / 1141nji ýylyň Ruhnama aýynyn 9-ynda) soltanyň güýji gowşapdy. Eýýäm şol ýylyň güýzünde Atsyz güýçli goşun bilen Horasanda peýda boldy we Merwi basyp aldy; şondan soňky ýylyň ýazynda Nyşapur oňa boýun egdi, ýöne şondan soň ýurtdan köp wagt geçmänkä, ol Sanjar tarapyndan ýurtdan kowlup çykaryldy, 538/1143–44 ýý. onuň özi Horezmde çozuşa sezewar boldy we soltanyň ýokary häkimiýetini gaýtadan ykrar etmäge mejbur boldy. Şondan soň köp wagt geçmänkä Atsyz üçünji gezek baş göterdi we soltanyň ilçisini, şahyr Adip-Sabyny Amyderýa oklamagy buýurdy. 542-nji ýylyň jumdady-as-sani / 1147-nji ýylyň Sanjar aýynda Sanjar Horezme özüniň üçünji ýörişine başlady, iki aý dowam eden gabawdan soň Hazarasp şäherini aldy we Gürgenjiň eteklerine baryp ýetdi; Şol Bugra hanyň ady Abu Aly al-Hasan (Harun) b. Süleýman bolupdyr; ol Muhammet b. Ýusubyň dogany däl-de, eýsem onuň ýegeni bolupdyr; 451/467/1059–1075 ýý. ol özüniň beýleki daýysy, Togrul-Gara-hakan derejesini göteren Mahmyt b. Ýusup bilen bilelikde dolandyryjy hökümdar (ýagny, Bugra han) bolupdyr, soňra bolsa (bary-ýogy iki aýyň dowamynda, 467/1074–75 ýý. – özüniň doganoglany Omar b. Mahmyt bilen bilelikde dolandyrypdyr. Ser. Pritsak, Die Kapachaniden, 40-42 s. – Э.B.). 6 90 Atsyz soltana tabyn boldy we Sanjar bilen ikiçäk duşuşygynda (543-nji ýylyň maharram / 1148-nji ýylyň Magtymguly – Oguz) özüni ýokary derejede yzgytsyz alyp barandygyna garamazdan, öz wezipesinde galdyryldy. 548/1153-nji ýylda Sanjar oguzlar tarapyndan ýesir alyndy; Atsyz ýene-de Horasana, ýöne bu gezek soltanyň wepadar raýaty hem goragçysy hökmünde çozup girmek isledi we möhüm şäher Amulyň (şindiki Çärjew) özüne berilmegini talap etdi; ýöne onuň talaby ret edildi. Diňe 551/1156-njy ýylda ol Nesanyň eteginde peýda boldy we munuň öňüsyrasynda ýesirlikden gaçan hökümdara özüniň wepadarlygyny beýan etdi, ýöne eýýäm şol ýylyň jumady-as-sani aýynyň 9-ynda / Oguz aýynyň 30-ynda ol Habuşanda (şindiki Kuçan) 59 ýaşynda dünýäden ötdi. Baэramaly han Baýramaly han, Merwiň hökümdary (1197–1200/1782/83–1785/86 ýý.). Onuň kakasy gajarlar urugynyň yzzadynly böleginden gelip çykýar, gajarlar Merwde şa Apbas I-niň döwründen bäri agalyk edipdirler, ejesi – türkmenleriň salyr taýpasyndan, onuň özi, habar bermeklerine görä, türkmenleriň arasynda adatdan daşary batyr esger hökmünde şöhrat gazanypdyr. Myrat beg (Masum şa) Buharaly bilen uruşda ol gözsüz batyrlygy netijesinde gabawa düşdi we söweşde wepat boldy, onuň kellesi Buhara eltildi we jeza berilýän belent ýerde görkezmek üçin goýuldy. Merwde onuň ikinji ogly Muhammet Kerim oňa mirasdar boldy; onuň uly ogly Muhammet Hüseýin öz ömrüni ylma bagş etdi we “öz döwrüniň Platony” (Aflätun-i wakt) şöhratyna eýe boldy, Maşatda galdy. (Deňeşdir: Abd al-Kerim Buhary, 58 we sözl.; Žukowskiý, Köne Merwiň harabalyklary, 83 s. we sözl.). Gala-i Baýramaly han adyny kiçiräk gala göterýär (uzynlygy 800 m we ini 550 m), ol Köne Merwiň harabalygynyň günorta böleginde ýerleşýär, ony W.Žukowskiý (Köne Merwiň harabalyklary) şol ýerdäki has giçki desga hökmünde kesgitledi. Has giň manyda “Baýramaly” ady bilen aslynda Köne Merwiň harabalyklaryny atlandyrýarlar, şonuň netijesinde hem bu at demir ýol menziline dakyldy, şeýle hem harabalygyň golaýynda ýerleşýän “Murgap” şa mülki şol ady göterýär. Terjime eden Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Ylym we tehnika baradaky Ýokary geňeşiň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri M.Tuwakow 91 INTERNET ULGAMLARYNDAN ALNAN GYZYKLY MAGLUMATLAR NANA DÖWÜR BAŞLANÝAR Soňky döwürde nanotilsimatlary amaly işde ulanmazlyk has ýaýbaňlanyp ugrady. Mysal üçin, Massaçuset tehnologik institutynyň (MTI) alymlary kiçijik turbajykly bakteriýalary ýakyn wagtlarda litiý-ion (Li-ION) we nikel-kadmiý (Ni-Cd) akkumulýatorlaryny çykaryp başlajakdyklaryny mälim etdiler. Ýöne ýan telefonlary we noutbuklar üçin ulanylýan häzirkizaman akkumulýatorlaryndan tapawutlylykda kiçijik turbajykly batareýalar birnäçe minutyň dowamynda zarýatlandyrylmaga ukyply bolup, bularyň “zarýadlandyrmak-zarýadsyzlandyrmak” bilen baglanyşykly t apgyrlarynyň (siklleriniň) sany bolsa çäklendirilmesizdir. Alymlaryň köpüsi elektronikanyň geljegini bu täze material bilen baglanyşdyrýarlar: Kremniýli prosessorlaryň ýerini çalşyp biljek uglerodly nanotranzistorlaryň esasynda işleýän prosessorlaryň ulanylmagy-da mümkin. NASA-da bolsa tros materialy hökmünde has berk süýümleri peýdalanmaklyk göz öňünde tutulýar (trosuň kömegi bilen “kosmik lift” diýilýäni hereketlendirilýär). Awtomobil üçin kondensator Elektronika boýunça professor Joýel Sindal akkumulýator we binzin dwigateli bilen işleýän gibrit awtomobilleri mysal getirýär. Eger içinden otlanýan dwigateli (IOD) elektrik dwigateli bilen doly çalşyp bolýan bolsa, onda häzirkizaman akkumulýator batareýalary 200300 km aralyga ýetmezdi. Ýöne nanoturbajyklary ulanmak arkaly çalt zarýadlandyrýan batareýa peýdalanylsa, onda maşynlary doly suratda elektrik energiýasyna geçirmek bolar. MTY-niň elektromagnetizm we elektron ulgamlary barlaghanasynyň (labaratoriýasynyň) alymlary tarapyndan döredilen gurluşyň diňe bir ýönekeý akkumulýator däldigini, eýsem onuň hem kondensatordygyny Smal Times aýdýar. Mälim bolşy ýaly, kondensatorlar akkumulýatorlara garanyňda has köp elektrik energiýasyny tygşytlaýar we iňňän gysga wagtyň dowamynda zarýatlanýar. MTY-niň alymlarynyň ýaňy-ýakynlardaky anyklamalaryna görä, kanaturba gaty bilen örtülen elektrodlar şol bada däl-de, birnäçe sagadyň dowamynda kondensato ry zarýadlandyrýar, munuň özi şol kondensatorlary awtomabillerde we hereket edýän beýleki gurluşlarda ulanmaga mümkinçilik berýär. Şeýle netije nanoturbajyklaryň kömegi bilen batareýaly kondensatoryň meýdanynyň ulaldylmagy arkaly gazanyldy. Alnan ýokary hilli kondensatoryň tejribelik nusgalary (gurluşyň bu görnüşi şeýle atlandyrylýar) “zarýadsyzlandyrmak-zarýadlandyrmak” diýilýän tapgyrlaryň sanynyň birnäçe müňe ýetýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi, elbetde, adaty akkumulýatorlar (bularyň iň oňat nusgalary 1000-e golaý şekilli akkumulýatorlar) bilen deňeşdirilip bilinmez. Emma professor Şindalyň pikirine görä, kiçijik turbajykly we ýokary hilli kondensatorlaryň artykmaçlyklaryna garamazdan, olar birnäçe hepdäniň dowamynda energiýany saklaýjy adaty gurluşlary üýtgedip bilmeýär. Adaty Li-ION batareýalara uly kompaniýalar tarapyndan iňňän köp möçberde pul serişdeleri goýberildi. Has takygy, kemkemden kiçi turbajykly elementleri geçirmek göz öňünde tutulýar, munuň üçin bir ýa-da iki ýyl gerek bolar. 92 Atomlary birleşdirip Alymlaryň bellemeklerine görä, nanotilsimatlar (nanotilsimat düşünjesi hatda atomlary we dürli maddalaryň-malekulalaryny geçirijiler ýa-da tamamlanan gurluşlar hökmünde ulanmaklygy göz öňünde tutýandygyny ýatladýarys) ylmyň we tehnikanyň ösüşindäki nobatlaýyn, öwrülişikli tapgyr bolup, ähmiýeti boýunça geçen asyryň 40-njy ýyllarynyň aýaklarynda 50-nji ýyllaryň başlarynda oýlanyp tapylan ýarym geçirijili gurluşlaryň ulanylyşy bilen deňeşdirilip bilner. Furelenler we nanoturbajyklar diýilýänleri näme? Uglerod nanot urbajyklary – bular uglerodyň 90-njy ýyllarda açylan “grafit setkajyklaryň” turbajyga düýrlenen şekilindäki täze bir görnüşi. Şeýle turbajyklaryň diýametriniň sanlyja nanometrleri (nanometr – metriň milliarddan bir bölegine deňdir) emele getirýändigi sebäpli, “turbajygyň nanometrik ölçüti-de” gysgaça nanoturbajyklar kimin atlandyrylyp ugralypdyr. Nanoturbajyklar şeýle kiçi welin, eger mätäç bolsa mikroblar hem kokteýl üçin sypal bölejikleri hökmünde, elbetde, olardan peýdalanardylar. Hakykatda, boýy iki metre golaý adamlar diametri birnäçe millimetre barabar sypal bölejiklerini ulanýarlar. Şu mynasybetli diýametri birnäçe nanometre barabar sypal bölejigi “boýy” iki mikrona golaý jandara ýa-da, aýdalyň, mikroba ýararlydyr. Uglerod nanoturbajyklary 1991-nji ýylda Ýaponiýanyň NES barlaghanasynyň ylmy işgäri Sumio Idzimo tarapyndan açyldy. Idzima geliý atmosferasyndaky wolt dugasy zarýadsyzlaşanda emele gelen önümleri barlady. Şol wagtlar bu iş köneçil usulda amala aşyrylypdy. Inert atmosferasyndaky kömür elektrodlary dug zarýadlanmasy mahalynda uly möçberde gurum bölüp çykarýar. Uglerod toplumlarynyň – fullerenleriň molekulalaryny özünde jemleýän bu gurum üçin şeýle synag işleriniň ençemesi geçirildi. Ýöne Idzima reaksiýanyň “peýdasyz” hasaplanylýan taşlandysy. Ýagny katodda emele gelýän betgelişik çal küle (kesindi görnüşli) bilen gyzyklanýar. Bu küläniň edil galamdaky ýaly kömür reňkli özenjigi bolup, onda diýamet ri onlarça mikrometre barabar içi boş uzyn närseleriň bardygyny elektron mikroskopy görkezdi. Bular ilkinji gezek äşgär edilen nanotubajyklardyr. Nazaryýeti ýatdan nanoturbajyklar hakda olaryň hakyky sintwezinden birnäçe aý öň aýdylmagy, onsoňam degişli ylmy makalalaryň hatda Idzimiň makalalaryndan soň çap bolup çykmagy-da gyzyklydyr. Bu hakda bir wagtyň özünde amerikanly J.Mintimez we rus alymy Zeonid Çernozatonskiý aýdypdyrlar. Derrew Indzimiň açylyşynyň yzy bilen fiziklerdir himikleriň bular baradaky çykyşlary, gürrüňleri dünýä ýaýraýar: käbir ylmy merkezleriň, meselem, himiýa boýunça Nobel baýragynyň eýesi (baýrak 1996-njy ýylda 360 fulerentlerini açyşy üçin berildi) R.Smolliniň barlaghanasynyň ýokardaky ýaly açyş etmegiň bosagasynda durandygy we nanoturbajyklaryň täze görnüşlerini döretmekde we olaryň häsiýetlerini kesgitlemekde uly iş edendigi aýan bolýar. Trillion tranzistorly prosessor Köp mukdardaky gurama meňzeş gara reňkli külkeden ybarat bu gurluşlarda nämeler bizi gyzyklandyrýar? Görüp otursak, bir gatly nanoturbajyklaryň nagyşjagazlary onuň elektron häsiýetlerini kesgitleýär eken: dürli nagyşjagazly nanoturbajyklar metallardan-da, ýarym metallardan-da, ýarym geçirijilerden-de bolup biler. Mysal üçin, köp gatly nanoturbajyklaryň ählisi ýarym geçirijilerdir. Munuň özi iň uly kompaniýalara, ýagny elektron serişdelerini öndürijilere radiýoelektronikada “kremniýden soňky eýýam” diýilýäniniň başlanyşynyň çaltlygy hakda gürrüň etmäge mümkinçilik berýär. Kremniýden (ýarym geçirijili öndürmekde esasy serişdeden) nanoturbajyklara geçişi 10-15 ýylyň dowamynda tamamlanyp bilmez. 93 Prosessorlary we mikrogurluşlary öndürýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary geçen asyryň ahyrynda öz önümlerine dahylly nanotilsimatlar barada ilkinji gezek gürrüň edip ugradylar. Käbir önüm işläp taýýarlaýjylar özleriniň geljekki önümleriniň resmi meýilnamalaryny hödürläp ugradylar; şol meýilnamalarda bolsa nanoturbajyklar hakda gürrüň edilýär. 2005-nji ýylyň Bitaraplyk aýynda öndürijileriň halkara komitetiniň adyndan International Teshnology Roadmar for semiçonduçtors atly resmi habar çap edildi habarda kremniýden soňky döwre geçilip ugralandygy barada gürrüň edilýär. Ýaponiýaly, ýewropaly, Koreýaly Amerikaly hem-de tarwanly öndürijiler ýakyn wagtlarda täze tilsimata geçmegiň birleşdirilen meýilnamasyny hödürlemegi göz öňünde tutýarlar. Adaty şertlerde prosessorlaryň we mikroshemalaryň tutuş konsepsiýasyny täzeçe guramak üçin 50 ýyl gerek bolardy, emma adamzat şunça wagtlap garaşyp bilýär. Shemot ehnikanyň täze konsepsiýasyna gyssagara geçişlik kremniý tilsimatynyň mümkinçilikleriniň eýýäm gutarandygy bilen şertlendirilýär. Adamzat tarapyndan berilýän habarlardyr maglumatlaryň sany bolsa günsaýyn artýar, bize bolsa Muruň kanunynda göz öňünde tutulyşy ýaly, hasaplaýjy kuwwatlyklary ösdürmek zerur. Häzerki döwürde çüý öndürmek boýunça dünýäde iň öňdebaryjy Intel kompaniýasy iň kiçijik tranzistorlary taýýarlamaga mümkinçilik berýän 65 nanometrlik tilsimaty öndürmekligi meýilnamalaşdyrýar, ýöne ol entek hakyky manysyndaky nanotilsimatdan örän daş. Şu günki prosessorlaryň eýýäm milliarddan gowrak tranzoistorlary bar, ýöne nanogurluşlaryň ilkinji nusgalary bu sany derrew 1000 esse artdyrmaga ukyplydyr. Geljekki onýyllygyň maksady 1 trilliondan gowrak tranzistorly prosessorlary döretmekden ybaratdyr. Şeýle prosessoryň öndürijiliginiň Pentium 4-iň görkezijilerine gatnaşygy ilkinji elektron çyraly EHM-ler bilen deňeşdirilende, “pnýa”-yň öndürüjiligine meňzeşräkdir. Siziň ÖK-iňizdäki nanoturbajyklar “Fujistu” firmasy eýýäm nanotilsimatlara esaslanýan kuwwatly prosessorlary sowadyş üçin ýaramly radiýatorlary hödürledi. Gaty magnit disklerini (winçesterleri) öndürüji meşhur Segate kompaniýasy nanoturbajyklary ýaglaýjy gat hökmünde ulanmak arkaly ýazgynyň dykyzlygyny artdyrmagyň tisimatyny patentleşdirdi. Ýazgynyň we magnit plastinasynyň arasyndaky yşgalaňy kiçeltmek arkaly-daýazynyň dykyzlygy artdyrylyp bilner. Seagate magnit plastinalaryny nanoturbajyklaryň esasynda ýukajyk gatlaga bölüp, olary doly baglaşdyrmaklygy teklip edýär. Ýazgynyň iç tarapyndaky plastina ýörite lazer arkaly gyzdyrylýar. Bu magnit bölejikleriniň durýan ýeriniň takyklygyny ýokarlandyrmak üçin şeýle edilýär. Şeýlelikde, tutumy ýüzlerçe we müňlerçe terabaýta barabar bolan maglumatlaryň amatly we arzan düşýän toplaýjy abzalyny döretmek mümkin diýlip çak edilýär. Amerikanyň naktero kompaniýasy edil bir aý mundan öň nanotilýematdan peýdalanmak arkaly kompýuter üçin ýadyň täze görnüşi bilen tanyşdyryldy. Kompaniýa ýadyň bu görnüşini NRAM – based nanwolatile RAM diýip atlandyrdy. Munuň özi hemişezlik “iýmiti” talap etmeýän, nanoturbajyklara esaslanýan ýatdan erkin peýdalanmaklygy aňladýar. Täze çipler adaty fleş-ýat bilen deňeşdirilende diňe bir çeýeligi boýunça däl-de, eýsem has çalt işleýänligi we berkligi taýdan tapawutlanýar. Täze çipleriň köpçülikleýin önümçiligini ýola goýmak üçin Nantero Amerikanyň mikroshemalary we ýarym geçirijili gurluşlary öndüriji LSI LOGIS kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Kompaniýanyň wekili NRAM-iň ilkinji senagat nusgalarynyň eýýäm şu ýylyň ahyrynda peýda boljakdygyny belledi. http://www.vz.ru/society/2006/10/1/50866.html 94 MAZMUNY Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly BERDIMUHAMMEDOWA “Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak oba hojalyk ekinlerinden ýokary hasyl almagyň girewidir” atly ylmy maslahata gatnaşyjylaryň MINNETDARLYK HATY .......................................................... 3 Berdimuhammedow G. Adamlaryň baş saglygy türkmeniň Altyn asyrynyň binýadydyr ............................................................................................................................. 5 Durdyýewa A., Çaryýewa G., Ataýewa G., Gurbanow H. Bedeniň molekulýar dartgynlygyny öwrenmekligiň amaly lukmançylykda ähmiýeti ........................................ 14 Halk maslahatynyň çözgütleri we kanunlary durmuşa ornaşýar ....................................... 21 Halow N. Daýhan birleşikleriniň işini kämilleşdirmek barada ........................................ 35 Esen A. Türkmenistanyň suw hojalygynyň ösüş sepgitleri we ileri tutulýan ugurlary ............................................................................................................................... 41 Mämmedow G. Gowaçanyň hasyllygynyň seçgä we tohumçylyga baglylygy ................ 46 Söýünow O., Taýlakow N. Pestisidleri we nitrat dökünlerini ulanmaklygy kadalaşdyrmaklygyň ugurlary ............................................................................................. 53 Täşliýew M.Ş., Ragimowa D.S., Sibirýow Wl.S., Çaryýewa A.O. Köpetdag etek epiniň we bokurdak monoklinalynyň gündogarynda ýura çökündileriniň litologiki aýratynlyklary we galyňlyklary .......................................................................... 59 Bekmämmedow H.G., Kadyrow Ş.U. Haýalladylan kokslaşma desgada zähmeti goramak çärelerine goşant .................................................................................................. 70 Nurmuhammedow A. Türkmen diliniň uzyn e:, ä: çekimlileri we olaryň taryhy ösüşi barada ........................................................................................................................ 79 Täze sahypa ........................................................................................................................ 86 Akademik W.W.Bartoldyň “Orta Aziýanyň taryhyndan aýratyn derwaýys meseleler boýunça işler” atly eserler ýygynydysynyň “Yslam ensiklopediýasyndan” makalalar” bölümi (II tom, 2-nji bölüm. Taryhy şahslar hakynda) .................................................... 88 Internet ulgamlaryndan alnan gyzykly maglumatlar .......................................................... 92 95 CONTENTS Berdimuhammedov G. Healthy nation is the basis for the Golden age of the turkmen people ..................................................................................................................... 5 Durdyyeva A., Charyyeva G., Atayeva G., Kurbanov Kh. Molecular tension of organism and significance of its study for practical medicine ......................................... 14 Khalov N. On improvimg activity of Daikhan associations ............................................ 35 Esen A. Stages of development of water economy of Turkmenistan and its perspectives ......................................................................................................................... 41 Mammedov K. Influence of selection and seed-growing upon the cotton crop capacity ............................................................................................................................... 46 Soyunov O., Taylakov N. Ways of optimization of pesticides and nitrate fertilizers application ........................................................................................................................... 53 Tashliyev M.Sh., Ragimova D.S., Sibiryev Wl.S., Charyyeva A.O. Lithological features and thicknesses of the Jurassic deposits on the east of Bokurdak monocline and Kopetdag foredeep ...................................................................................................... 59 Bekmammedov Kh.G., Kadyrov Sh.U. On the problem of improving of work conditions at delayed coking plant .................................................................................... 70 Nurmuhammedov A. Long e: ä: vowels and their historical development in the turkmen language ............................................................................................................... 79 СОДЕРЖАНИЕ Бердымухаммедов Г. Здоровье населения – основа основ Золотого века туркмен ................................................................................................................................ 5 Дурдыева А., Чарыева Г., Атаева Г., Курбанов Х. Молекулярная напряжённость организма и значение изучения этого вопроса в практической медицине ............................................................................................................................ 14 Халов Н. Вопросы совершенствования деятельности дайханских объединений ...................................................................................................................... 35 Эсен А. Этапы развития и перспективы водного хозяйства Туркменистана ........... 41 Маммедов К. Влияние селекции и семеноводства на урожайность хлопчатника ....................................................................................................................... 46 Союнов О., Тайлаков Н. Пути оптимизации применения пестицидов и нитратных удобрений ....................................................................................................... 53 Ташлиев М.Ш., Рагимова Д.С., Сибирёв Вл.С., Чарыева А.О. Литологические особенности и мощности юрских отложений востока Бокурдакской моноклинали и Предкопетдагского прогиба ................................................................. 59 Бекмаммедов Х.Г., Кадыров Ш.У. К вопросу улучшения условий труда на установке замедленного коксования ............................................................................... 70 Нурмухаммедов А. О долгих гласных e:, ä: и их историческом развитии в туркменском языке ........................................................................................................... 79 96 “Türkmenistanda ylym we tehnika” žurnaly syn berilýän ylmy makalalary çap edýär. Журнал “Наука и техника в Туркменистане” печатает рецинзируемые научные материалы. Baş redaktor A.G.Allanurowa Geňeş toparynyň agzalary: O.Musaýew, P.Esenow, N.Durdyýew, J.Nepesow, J.J.Ataýew, O.M.Posmanow, N.Nurgeldiýew, G.Mezilow. Jogapkär redaktor J.Nepesow Эygnamaga berildi 03.03.2007. Зap etmдge rugsat edildi 24.04.2007. A – 29517. Цlзegi 70Ч1081/16. Gazet kagyzy. Kompýuter ýygymy. Tekiz çap ediliş usuly. Şertli çap listi 8,05. Hasabat-neşir listi 8,131. Sany 585. Neşir №7. Sargyt №60. Ýylda 6 gezek neşir edilýär. YTÝG-yň “Ylym” neşirýaty. 744000, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köçesi, 15. YTÝG-yň çaphanasy. 744000, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan köçesi, 15. Žurnalyň çap edilişiniň hiline çaphana jogap berýär. © “Ylym” neşirýaty. © “Türkmenistanda ylym we tehnika”, 2007.