Ata Watanmyzyň parçalanmagyna sebäp bolan 1881-nji ıylyň 9

Transkript

Ata Watanmyzyň parçalanmagyna sebäp bolan 1881-nji ıylyň 9
Ata Watanmyzyň parçalanmagyna sebäp bolan 1881-nji ýylyň 9-njy desemberindäki
şertnamanyň, ýakyn taryhymyzda Türkmen halkyna garşy amala aşyrylan elhemç jenaýatdygyny
gypynç etmän aýtsa bolar. Klonial bähbitleri ugrunda bir-birleri bilen syýasy bäsleşiklere girişen
Orsýet we Britan emperatulyklary, biziň sebtimizde “at oýnadyp” özlerine ýaran edinmek
maksady bilen her dürli pis oýunlara, hilegärliklere hem jenaýatlara baş goşdular. Britanlar
Hindistany basyp alanlaryndan soň, Hindi okean we aýalklarda ýerleşýän arap soltanlaryny
özlerine bakna edip, dura-bara gönorta Eýrana syzyp, soň-soňlar Tahrandaky şah köşgüne çenli
öz täsini ýetirmegini başardylar. Orta Aziýa göz tiken Londona “dur” diýmek maksady bilen
Orsýet, Türküstana tarap süýşüp ugrady, şeýle bäsleşikleriň dowamynda Türkmen halkyna agyr
urş ýöňkeldi we halkymyzyň basybaljylara garşy iň soňky daýanyş punky bolan “Gökdepe galasy”
1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda rus generaly M.D.Skoblew tarapyndan basylyp alyndy.
Gökdepe gyrgynçylygyndan 11 aý soňra Orsýet emperiýasy bilen Britan döwletiniň Eýrandaky
dikmesi hasaplanýan Nasertdin şah tarapyndan halkymyza garşy planlaşdyrlan ýene bir elhenç
karar amala aşyrylýar. Ýagny 1881-nji ýylyň 9-njy desenberinde “Ahal” atlandyrylan şertnama gol
çekilýär. Şol esasda Hazar deňziň gündogar kenaryndan başlap, Owgan araçägine çenli araçäk
kesgitlenip, bu ýerde ýaşaýan Türkmenleri we olaryň topraklaryny ikä böldüler. 134 ýyl mundan
ozal baglaşylan bu şertnamada Türkmen halkynyň hiç roly bolmady, oňa sala hem salynmady,
tersine basybaljylar, basyp alan Türkmen topragyny arkaýynlykda öz aralarynda paýlaşdylar.
“Ahala” şertnamasyna Orsýetiň adatdan daşary ýörite ilçisi Iwan Zenewiýew bilen Eýranyň şol
wagtky daşary işler ministeri Motemen ulmolk gol çekdiler. Indi häzir ne Orsýet emperýasy bar,
ne-de Gajar döwleti, ýöne Ahal şertnamasy öz güýjüni saklap gelýär. Ol ätibärden/ýörelgeden
düşäýmeli, edil Wietnamda, Ýeme-de, Germaniýada boluşy ýaly, ýöne gynansagam ulsumyzyň
boýnuna atylan bu agyr urgan henize çenli öz hökmüni ýöredip gelýär.
Biz bu makalada “Ahal” şertnamasynyň sýyasy, ykdysady hem ruhy-moral taýdan ýetirip gelýän
oňaýsyz syýasy, ykdysady we ruhy netijeleri hakda durup geçmegi mahul gördük:
I.
Syýasy netijeler;
Milli döwlet gurmak ugrundaky taryhy bökdenç!
Toprak, san hem güýç taýdan bili ömürlanan Türkmen halkynyň asyrlar boýy arzulap gelýän
milli döwlet gurmak ugrundaky islegi bir bada puça çykdy. Şanly-şöhratly Seljuk emperýasyny
guran Türkmenler (1037-1194) Hindu-kuşdan, gündogar Anadoly, Orta Aziýa steplerinden
arap ýarym adasyna çenli öz hökmüni ýöredip geldiler. Mongollaryň hüjümi netijesinde
dargan Beýik seljukly döwleti soňra hem baş galdyryp bilmedi, ýogsam onuň düzüminde
ýaşaýan dürli Türki haklar şol sandan Türkmenler göçüp baran gündogar topraklarda HalapŞirwanda, Azerbeýjanda “Türkmen” ady bilen kiçiräk döwletler döreden hem bolsalar, olar
ähi Türkmenleri bir döwletde birikdirip bilmediler.
Milli döwlet gurmak ugrundaky arzuw-isleg oduyň közi öçmedi, ol ot Türkmen halkynyň
aýdyň düşenjeli han-serdarlarynyň, eli galam tutan ýazyjy şahyrlarynyň gursagynda tutaşyp
durdy; Ärsary babalar, Nowaýylar, Magtymgulylar, Kyýat hanlar, Nurberdi hanlar, Gowşut
hanlar, Jüneýit hanlar, Atabaýewler, Aýtakowlar, Şirli Tumaçlar... şol mukaddes tugy başlaryna
täç edip geldiler.
1830-nji ýyllarda ilki bilen Kýyat han Hazar ýaka Çelekende kiçiräk möçberde öz-erkin
Türkmen häkimiýetiniň düýbüni tutup, Muhammet Şah gajara we Hywa Hanyna baş göterdi
we olaryň çapawulçylykly talaňçylaryny togtatdy. 20 ýyl soňra (1858) Garry gala çozup gelen
Nasertdin şanyň goşuny Ýomut, Gökleň, Teke serdarlarynyň agzybirlikli gaýtawul bermekleri
netijesinde çym-pytrak edildi, Şadlu kürtlerinden bolan goşun komandiri Jafarguly han
gorkusyndan öz janyna kast etdi, “ýykylan göreşden doýmaz” diýleni, 1860-nji ýylda bu gezek
Horasan häkimi, Nasertdin şanyň dogan oglanyny Hemze mirazanyň baştutanlygynda Mary
sebtine hüjüm gurnalýar, bu ýerdäki söweşlerde hem 40 esgerini ýitiren Hemze mirza jan
howlundan Maşada gaçyp atýar, erkinlik tuguny bolsa bu gezek Gowşut han göterýär.
Türkmenleriň batyrgaý göreşleri we olaryň ýakyn geljekde bir milli döwletde birigip birigmek
ukyby barha güýçlenýärdi, bu bolsa Hywa hanynyň we dura-bara Türküstana süýşüp gelýän
ruslaryň gonjuna gor guýýardy. Rus generaly Fon Kaufman, Hywa hany bilen dil duwşüp,
Hywada ýaşaýan Türkmenleri 1873-nji gyrgynçylyga berýär. Şeýlelik bilen Hazar ýakasyndan
başlap ýekän-ýekän Türkmen topragy basylyp alynýar. Edil şeýle basybaljylykly hem
talaňçylykly ýörişleri, Tahran hem gurnap, Aşyr-adadaky rus harby gämilerine daýanyp,
Türkmen oba hem şäherleriniň üstünden ganly gylyçlaryny bulaýlap gelýärler. Türkmenleriň
üstünden agalygyny sürdürmek üçin Gajar şalary we olaryň ýerli dikmeleri tire-taýpa
meselesinden
peýdalanyp,
ýomutlary,
gökleňlere,
atabaýlary
jafarbaýlara...
garşy
öjükdirýärdi. Il bähbidinden şahsy bähbidini we halkyň hormatly adyndan patyşanyň
medalyny döşüne asmagy ýeg gören haýyn han-begler agzalalyk odunuň tutaşmagyna sebäp
bolýärdylar. Beýle agyr günler bütin Türkmen topragynda höküm sürýärdi. Edil şeýle ajy
günlerde Gökdepe galasynyň synmagy “durna üstüne urna” boldy.
“Ahal” şertnamasynyň maddalary has berkitmek üçin soňraky ýyllarda Aşgabatda we Goçanda
Eýran hem Orsýetiň, soňra SSSR-iň serhet komissarlary duşuşyp, araçägiň berkedilmegi
ugrunda hereket edip geldiler. Şeýlelik bilen araçäkde “guş uçsa ganatyndan, gulan ýörise
toýnagyndan” diýleni edildi.
Türkmenistanda Ak patyşanyň/Orsýet emperatrynyň zalym hökümeti dargadylyp, “Şuralar
Türkmenistany-TSSR” emele gelse-de, Gaýgysyz Atabaýewler, Nedirbaý Aýtakowlar, milli
hereketlere ýolbaşçylyk etseler-de “atyň owsary olaryň ellerinde däldi”. Komanda, buýruk has
güýçli ýerden gelýärdi, “emir/buýruk demiri kesýärdi”, şeýlelik bilen TSSR-iň milli kadrlary
1937-nji ýyldaky Staliniň ganly repressiýa çärelerinde pyda boldular.
20-nji asryň ilkinji ýarymyndaky syýasy tolgunşlar, milli döwlet gurmak ugrundaky
gozgalaňlar, araçägiň gönorta tarapynda, Etrek-Gürgen Türkmenleriniň arasynda hem
güýçlenýärdi. Han Ýomudyň we onuň dogany Läli hanyň Kümüşdepä gelip, özerkinlik ugrunda
Osman şanyň/ahunyň ýolbaşçylygyndaky göreşe ýardam bermegi, Allaýar hanyň Garry
galadan Kerim Işana gelip, Gökleň gozgalançylaryna kömek bermegi, Nepes serdaryň, Göki
sopynyň, Gysyr emen hanyň... ýolbaşçylygyndaky uly möçberdäki gozgalaňlar, Tahrany
lerzana getirdi. Britan dikmesi bolan Reza pählewiniň ýolbaşçylygyndaky agyr goşun
Türkmenleriň nobatdaky gozgalaňyny 1925-nji ýylyň oktiýabrynda basyp ýartiýar.
Türkmenistanda, Türkmenleriň adyny göterýän döwlet emele gelenem bolsa ol soňra SSSR-iň
düzümine zor bilen birikdirilýär we Aşgabat şondan soň diňe Moskwanyň buýrugu bilen
hereket etmäge mejbur bolýär. Türkmensähra bilen “Demir perde” diýilýän SSSR-iň arasyna
dogrudanam 2-nji jahan urşundan soňra demir perde çekildi, gatnaşyklar kesildi. Şol demir
penjeden gaçyp atan Ahally, Maryly Türkmenler, Kümmetgowuzda hem Kümüşdepede
öz doganlarynyň ojagynda ornaşyp, mesgen tutup bildiler, Türkmenistandan
gaçybatan Türkmenler, Türkmensähraly doganlary gujak açdylar.
Indi Eýrany doly ele geçiren Amerika bolsa SSSR araçäginiň günortasynda ýerleşýän
Türkmensährany berk gözekçilik astynda aldy. Britaniýani MI6 we Birleşen Ştatlaryň CIA
gulluklary araçäge gözeçilik edip başladylar, dürli diňleme we jasuslyk razwedka,
enjamlaryny/radar oturtdylar.
Şeýlelik bilen Türkmen halkynyň milli hem bitewi döwlet gurmak ugrundaky tapgyrlaýaýyn
hereketi ganly basyşlaryň netijesinde araçägiň iki tarapynda-da togdadyldy.
1979-njy ýylda Eýranda şah režimi agdaryldy, Türkmenler ýene bir gezek aýaga galdylar, şol
gozgalaňa gynansakda Türkmenistan döwletiniň hatta sözde goldaw sesini berip bilmedi,
elbetde bu ýerde diňe basbaljylyk, agalyk sürüji rus şanuzmini günäläp bolar, sebäbi
Türkmenistan erkin döwlet däldi.
1999-njy ýylyň Maý aýynda, Balkan welaýatyna baran Garaşsyz Türkmenistanyň prezidenti
S.Niýazow şeýle çykyş edipdi: “ Ilerde galan ilerde galdy, indi biz olary birleşdirjegem boljak
däl, olar öz döwletine boýun bolmaly” diýip, jort-kesik, Türkmensähraly Türkmenler hakda
poziýasyny ara atdy. Türkmenistanyň häzirki ýolbaşçylarynyň gözýetimi bolsa tiretaýpaçylykdan milletlik derejesine ösüp bilmän gelýär.
Ynha şeýlelik bilen 1881-nji ýyldan bäri üzňelige uçradylan Türkmenler, heniz bu güne çenli
birleşmek baradaky, bir saçagyň başyna üýşmek hakdaky Magtymguly şahyryň “Hor galmasyn
puşt der puştym, berkarar döwlet islärin”, “Bir döwlete gulluk etsek” diýen arzuwlaryny amala
aşyryp bilmän gelýärler.
Milli buržwaziýanyň ösüşine bökdenç!
Araçäk kesgitlenip, garawulhanalar oturdylandan soň, Türkmenleriň durmuşynda birgiden
garaşylmadyk oňaýsyz ýagdaý ýüze çykýar. Eýran hökümeti, köpräk salgyt toplamak üçin, EtrekGürgen Türkmenleri, hatta orsýete tabyn edilenleri- öz raýaty hasaplaýar. Türkmenler her ýylyň
6 aýyny Etregiň gaýrasynda gyşlap, galan 6 aýyny bolsa Gürgende ýazlaýardylar. Rus serhet
komissarynyň tassyklaýşy ýaly:
«Biz bu ýerleri basyp almagmyzdan öňem beýle göçüp, gonmalar
bolýardy...araçäk kesgitlenenden soň olar iki döwlete salgyt tölemeli boldular,
türkmenler iki ýurde tabyn edildi, bu ýagdaý olaryň sosýal, jemgyýetçilik
durmuşyna agyr urgy boldy. Beýle bölünşik Orsýetiň bähbidine bolup bilmez
diýip guman edilýär, sebäbi türkmenler öz erkinligini gazanmak ugrunda aýaga
galyp her iki döwlete-de salgyt tölemekden boýun gaçyryp bilerler»1
Araçäk berk goralyp başlanandan soň Türkmenleriň arasynda ozaldan gelýän söwda-satyk
gatnaşygyna aşa zynan ýetýär, gury we deňiz arkaly gatnaw marşrutlary/ýollary baglanlýar. Öňler
Balkan Türkmenleri Kümüşdepä we Hojanepese gelip çaý, kand, tüwy, uwn, nebit, mata… satyn
alýardylar, gümrük tölegleri ýokdy, ýöne tikenekli sim çekilip, gümrük postlary döredilenden
soňar haryýt mallara salgyt tölemeli edilýär.
20-nji asyrdan başlap, bütin bu sebitde milli buržwaziýa, milli söwdagärler ösüp başlaýar.
Türkmen täjirleri, başgalaryň özlerine edilýän ynam we dogrulygy sebäpli Eýranda (Maşatda,
Enzelde), Astrahanda, Bakuda, Hywada, Buharada... dumly-duwşdaky bazarlarda arkaýyn söwda
işlerini alyp barýardylar. Hazar ýakasyndaky nebit ýataklaryna hatta Şwetsiýanyň belli “Nobel”
kompaniýasyny höwes bildirip, kontrakt baglaşyp, nebit gazuw işlerine başlaýar. 1919-njy yýlda
Bolşewiklere garşy Britaniýanyň interwensiýasy başlananda Denstrowiliň güçýleriniň eline
düşmez ýaly Leniň Krasnowdskidäki nebit ýataklarynyň we gurluşyklaryň ýakylmagyna buýruk
berýär.
Ykdysady taýdan sanksiýalar araçägiň günortasynda ýaşaýan Türkmenleriň garşysyna hem alnyp
barylýardy. Belli Osman şanyň/ahunyň, Rejep ahunyň, Amangeldi ahunyň Eýranyň içeri işler
ministerligine 1917-nji ýylyň 30-njy maýynda ýollan hatlarynda Kümüşdepeli söwdägärlerine,
Enzeliden tüwi we beýleki azyk iýimit getirmegine girizilen gadagançylyga nägilelik bildirilýär2.
1
Bibi Rabia Logaşowa: Turkmeni Irana. Rusça. Moskwa. Nauka neşriýaty. 1976. S. 110 Moskwa. 1976.
2
Eýranyň milli arhiw dokumetler merkezi. Tahran. ‫مرکز اسناد ملی ایران‬
Türkmenleriň araçägi äsgermeýändigini gören her iki döwlet çärelerini gutaryp, Ýagly-olum,
Köne-kesiýr, Gyzyl-ymam, Çat, Soňy-dagy, Göwdan, Kaka, Pöwrize we Hywa-abad ýaly ýerlerde
geçelge nokatlaryny döredýärler.
Eýran döwleti, Türkmenistandan Maşad şährine barýan haryýtlara agyr salgyt belleýär. Kaka
geçelgesiniň komissary ýüzbaşy Seýitnazar Halyl oglunyň bellemegine görä, «Eýranlylar 1884-nji
ýylda Türkmenleriň her bir haryt malynyň 20-den bir bahasyny salgyt hökmünde alýardylar.
Sygyrdan 40 manat, goýundan 10 manat, ýylkydan 5 gyran (2 rubl), taýdan 10 gyran, ýüpek we
ýüň matalaryndan 40-dan bir basyny salgyt hökmünde alýardylar. Salgytlaryň mukdaryny
Deregez we Kelatyň häkimleri kesgiýtleýärdiler»
Orsýet grawullary bolsa gyşlak üçin Balkan tarapa getirilýän süri goýunlardan “paç” alýardylar,
her 100 goýundan 5 manat, puly bolmadyklardan iki goýun alynýardy. Garawullaryň esasy
aladalary Türkmenleriň köp mukdarda ok-ýarag geçirmeginiň öňüni almakdan ybaratdy (özüni
goramak üçin ýarag daşamaga rugsat edilýärdi)
Araçäk gesgitlenenden soň her iki döwletiň Türkmenleriň garşysyna alyp barýan syýasatlary
düýpli özgerýär. Orsýet döwleti öz kanunlaryny amala aşyryp, esasy aladasy gümrük postlarynyň
haryýt mallardyr, sürülerden Paç-salgyt ýygnamagy bolýar. Bu ýagdaý köp sanly Türkmenleriň
Orsýet tarapyndan gaçyp, Etrek-Gürgen Türkmenleriniň arasynda ýerleşmäge alyp geldi. 1898nji ýyldaky bir raporta şeýle diýilýär:
«Garry-galadan 20 sany serdar öz tiredeşleri bilen Maşada we 1500 öýli ýomutdyr
gökleň Türkmenleri bolsa göçmäge taýýar. Rus serhet komissarynyň 1900-njy ýylda
mälim etmegine görä Jafarbaýlar Etrege göçmäge gaty höwesli, şu ýylda 60 öýli
Jafarbaý Etrege göçenmiş. Olaryň göçmeginde Astrabad häkiminiň biziň ýöredýän
kanunlarmyzyň garşysyna ýaýradýan propagandalary täsirli rol oýnaýar»3 diýip, şol
raportda agzalýar.
Araçäk kesgitlenenden soň, Eýran döwleti Etrek-Gürgen Türkmenleri doly boýun egdirmek
üçin olaryň üstüne yzygiderli jezaberiji goşun iberip durýar, salgyt ýygnaýan ýörite wekiller we
harby kommisiýalar belleýär. Dörän bu ýagdaýdan peýdalanyp, baryp 100 ýyldan bäri hiç bir
Astrabat häkiminiň aýagy ýetmedik Gürgen jülgesine ilkinji gezek aýak basan häkim Omid-etdöwle, başda Gökleňleri horlap olardan salgyt ýygnaýar. 1903-nji ýylda Türkmenler Hojanepesde
bina edilen Eýanyň gümrükhanasyny otlaýarlar.
Eýranyň çäginde ýaşaýan Türkmenleriň söwda-biznes hereketlerine girizilýän böwetler hem
sanksiýalar barha güýçlenýärdi. 1927-nji ýyllardan başlap, ekerançylyk ýerleriň patyşa we ýerli
3
Bibi Rabia Logaşowa: Turkmeni Irana.Moskwa
emeldarlary tarapyndan basylyp alynmagyndan soňra, oba hojalyk önümlerini; pagta, arpabugdaýy, maldarçylyk önümlerini, haly-halça önümini çäkli möçberde söwdalaşmaga
mümkinçilik berilse-de uly bähbidi aradaky pars dellallary gaznýardy. Daşary ýurt bilen söwda
etmäge- haly eksporty üçin diňe gaty az sany Türkmene rugsat berildi. Beýle ýagday 1979-njy
ýyldaky islamy ynkylaba çenli dowam edip geldi.
Türkmen halky däp-dessurlary bilen dogýar, ýaşaýar we onuň bilen mazara girýär. Bu edimkylymlar kitaplardan öň daş siňdirlen ýaly her bir Türkmeniň aňyna, beýnisine ornaşýar, başgaça
aýdylanda ata-babalardan galan milli kimliksiz hiç bir Türkmeni göz öňüne getirip bolmaz.
Kaşgarly Mahmudyň sözlügünde her bir Türkmeiň ýedi arkasyny tanamaklarynyň şertdigi
nygtalýar. Ol, geçmişe baglylyk, atalardan galan ýörelgäni yzarlamak we milli kimligi gorap
saklamak diýlip düşündirilýär. Häzir Türkmenistan jemhuriýetinde milli medeniýeti hem mirasy
saklamak we ony durmuşyň ähli pudagyna ornaşdyrmak ugrunda alada edilýär, ummasyz pul
serşdesi goýberilýär. Türkmensähraly Türkmenler-de bar bolan ähli basyşlara hem gysyşlara
garamazdan başardyklaryndan milli dili, medeniýeti we ata-baba däplerini gorap saklamak
ugrunda hereket edýärler.
Halkymyzyň milli mirasynyň öwşgünligi hakda, asyrlaryň jümmüşinden gaýnap biziň döwrümize
ýeten deňi-taýy bolmadyk sungatymyzyň, haly, egin-eşik, egirme-çitme, işme-örme hünäriniň göz
gamaşdyryjy täsinligini beýan etmäge söz egsiklik edýär. Islamdan ozalky milli mirasymyzyň
yzlaryny, “Oguznamalarda”, “Gorkut Ata”, “Görogly” ýaly dessanlarda az-kem gabat gelinýär, diňe
şojagazlaryň özi aklyňy haýran edýär. Milli dilimiziň baýlygy dogrusynda-ha aýdara zat gaty kän,
geçirilýän gurultaýlar, Türkmen jemgyýetiniň häziki sözler bilen aýdylanda has demoraktik
prinsiplerden ugur alandygyna şaýatlyk edýär.
Türkmen jemgyýetinde çaga eneden doganda oňa Türkmençe at dakylýar, milli diliň gözelligi
eneleriň höwdüleri bilen olaryň kalbyna siňýär, ýumak atdylar, läledir monjuk atdylar, göreş, ...
gara her dürli synag görnüşli oýunlar, Türkmen balasyny geljekde polat ýaly taplaýar...oglanlar
ömrüniň her bir müçesinde dürli däpler bilen terbiýelenýär. Duşmanlaryň hüjümlerinde,
halkymyzň pytrap çar tarapa ýaýran mahaly, şeýle däp-dessularyň ýitip gitmezligi üçin, göz
monjugy kimin goralyp gelen milli mirasymyz, enelerimiziň jadyly barmaklary bilen haly-halça,
g;llerine, kilim nayşlaryna, läle-hüwdülere, zergär atalarymyzyň ezber elleri bilen ýasalan bezegşaýlarymyza, halypa bagşylaryň döreden aýdym-sazlaryna siňdirilip, biziň döwrümize ýetipdir.
Türkmen topragy bölünşüge uçradylsa-da halk, milli kimliklerine daýanyp, özlerini
ýitirmändirler. Muny biz häzir araçägiň iki tarapynda ýaşaýan doganlarymyzň durmuşynda açaçan hem ap-aýdyň görýäris.
Geçen asyrda basybaljy hem şaunistik ideologiýany ündeýän azgyn-mussallatlaryň hilepirimleri, allary hetden aşa köp hem dürli ugurly boldy, halkymyzyň gözüne çöp atylan ýaly boldy.
Moskwadan hem Tahrandan ösýän şeýle syýasat köpleriň aňyny zäherledi. Milli dilimiz ikinji orna
düşürildi, ýa-da gadagan edildi. Edim-kylymlarymyz özümiziňkä meňzemän, mamyn ýaly alynma
däpleriň oýnawajyna öwrüldik. Bularyň ähilisine toprak bölünşigi, dagynyk syýasy durmuş, bir
söz bilen aýdylanda bütün il-ulusy birleşdirip biljek milli bir döwletimiziň ýoklugy hem-de eziji
režimleriň zalym syýasatlaryna gaýtawul berip biljek güýjümiziň dagynykdygy sebäp bolup
durýar. Munuň çäresi bolsa milli kimligimiza daýanmak we olary gorap saklamak diýmek bilen
sözümizi jemleýäris.
Sweden
08.12.2015

Benzer belgeler

A.Goli Türkmeni Öwreniş Me

A.Goli Türkmeni Öwreniş Me Orsýet grawullary bolsa gyşlak üçin Balkan tarapa idilýän süri goýunlardan “paç” alýardylar, her 100 goýundan 5 rubl, puly bolmadyklardan iki goýun alynýardy. Grawullaryň esasy aladalary Türkmenler...

Detaylı

OTUZ İEDINIŇ ODY (1937-nji ıyldaky türkmen pidalary)

OTUZ İEDINIŇ ODY (1937-nji ıyldaky türkmen pidalary) 1881-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda rus generaly M.D.Skoblew tarapyndan basylyp alyndy. Gökdepe gyrgynçylygyndan 11 aý soňra Orsýet emperiýasy bilen Britan döwletiniň Eýrandaky dikmesi hasaplanýan Nas...

Detaylı

Türkmeni Öwreniş Merkez

Türkmeni Öwreniş Merkez Ata Watanmyzyň parçalanmagyna sebäp bolan 1881-nji ýylyň 9-njy desemberindäki şertnamanyň, ýakyn taryhymyzda Türkmen halkyna garşy amala aşyrylan elhemç jenaýatdygyny gypynç etmän aýtsa bolar. Klon...

Detaylı