ORAZ SERDAR

Transkript

ORAZ SERDAR
ORAZ SERDAR
2016-01-23
Arhiv materiallarynda we dürli internet çeşmelerde halk köpçüligine Oraz serdaryň (börme 1871 —
Belgrad 1929) ömri we göreşleri hakynnda maglumat berilýär. Birinji Dünýa söweşine we 2 ýyllap
dowam eden graždanlyk uşlara gatnaşan Oraz serdar"aklar" yeňildiginden soňra Ýuguslawiýa
(Belgrad) gaçyp atýar. Oraz, belli türkmen serdary, Gökdepe galasynyda ş;hrat gazanan Öwezmyrat
(Dykma) serdaryň ogludyr.
Çagalyk we ýetgenjeňlik döwri: Orazberdy (gelejekki Oraz serdar) 1871-nji ýylda Ahalyň, Börme
obasynda dogulýar. Kakasy/dädesi Dykma, oglunuň adyny käte Ahalberdi diýip tutarmyş. Rus
çeşmelerinde we resmi dokumentlerinde onuň ady Orazberdi soňra bolsa Oraz Serdar, ýa-da Oraz
han görnüşlerinde ýazlypdyr.
1881-nji ýylyň maý aýynda, -ýagni Gökdepe galasy synandan 4 aý soňra- Orsýet patyşasynda
wepadarlygyny bildirmek maksady bilen Dykma serdaryň baştutanlygynda birnäşe türkmen
Peterburga gidýär. Olaryň arasynda Dykmanyň 10 ýaşyly ogly Oraz hem bolupdyr. Olar patyşa
Alexander III tarapyndan kabul edilipdir hem medallar bilen sylaglanypdyrlar. Bu sapar bilen bagly
1881-nji ýylyň 15-nji maýynda St. Petersburgde neşir bolýan «Вечернее Время» gazetinde, ýörite
makala çap edildi. Onda şeýle diýilýär: "Bugün, anna, 15-nji Maý, sagat 8:15 minut, Nikolaýew demir
1
«Белый» генерал Ораз-сердар в истории и литературе
Мурадгелди Соегов, Национальный институт рукописей АН Туркменистан,
Ашхабад, Туркменистан, [email protected]
ARNE GOLI
TURKMEN STUDY CENTER
1
ORAZ SERDAR
2016-01-23
yoly bilen ýönekeý bir otly bilen Teke türkmenleri St. Petersburga geldiler. Topara, sagat görünýän
55 ýaşly Dykma serdar ýolbaşçylyk edýär. Gaty hüşgär, içiňden parran geçip duran gözleri, ýüzüni ak
sakgal bürän bu adam, bilindäki parsda ýasalan gyljy hem egnindäki ajaýyp gyrmyzy don bilen
beýlekilerden tapawutlanýar. Soňky atyşyklarda biziň esgerlerimiziň atan bir oky onuň göwsüniň sag
tarapyny ýaralapdyr. Dykma serdar 10 ýaşly ogly Orazberdini hem ýany bilen St. Petersburga getirdi.
Ol, gara ýagyz ýüz keşpli ýigdekçe. Atasy ony St. Petersburgdaky harby akademiýalaryň birinde okap
terbiýe almagyny we patyşanyň köşk atlylaryna goşulmagyny isleýär. Alyhezret Oraza, altın sagaty
zynjyry bilen, hem-de "uly hormat sylag» diýen madaly berdı. Dykma serdara "Merhametli Alyhezret,
bir altın sagat bilen gylyç kemeri berdi. 1881-nji ýylyň maý aýynda şol sowgatlar goşuryş dabarasy
surat düşürildi. Aşakda getirlen şol suratda ortada, oturgyçda oturan Dykma serdar oturan, dik
Patyşa huzuna baran Türkmen wekillerini ilki bilen Skoblew şu sözler bilen tanadýar:
—Siziň Alyhezretleri! bular Teke halkynyň liderleri, Siziň täze raýatlaryňyz; Dykma Han, onuň ogly
Oraz, Öwez han, Halley han we Muhammet Han. —Türkmenler telpeklerini çykaryp, ellerini
ýüreginde emperatra tagzym edýärler.
ARNE GOLI
TURKMEN STUDY CENTER
2
ORAZ SERDAR
2016-01-23
—Patyşa: Hoş geldiňiz, Teke begleri – Patyşanyň keýpi kök, gülümsiräp olary garşy aldy. - Salam
begler. – Serdar, patyşanyň aýaly empraterissany salamlady. -bolýa, bolýa,- bir söz diýmezden
imparator gülümsedi. Soňra Mikhail Skoblewe ýüzlenip: bular bilen düşünşmek aňsat bolan däl
gerek?
— Hawa, Alyhezret! Bu jandan geçen batyr adamlar düşündügimizden has merdana söweşdiler. Häzir
bolsa Wiýenanyň etegine birnäçe ýüz batyr türkmen atlylaryny getirdik, Alyhezletleri.
—Patyşa, bolýa, bolýa Mihail Dimitriwiç, unutmaň Awusturýalylar biziň ýaranymyzdyr, bu hakda köp
gepläp ýörmäň, diplomatlar aňlarlar.
Maria Fyodorovna (Patyşanyň aýaly): Bu nähili täsin ýigdekçe- diýip, Oraza seredip, gülümsiräp,
gepiň ugruny degişdirdi.
Skoblew: Dykma hanyň uly ogly Gökdepe urşunda öldi, indi bu oglunyň Kadet kopusynda tälim
almagyny isleýär.
Maria Feodorovna: Näme üçin harby korpusda? Ýaş ýigidi köşk harby garawul gorag mekdebinde
tälim alsyn, bu hakda imperator nähili oýlanýarka- diýip ol patyşa ýüzlendi.
—Örän gowy pikir diýip, patyşa aýalynyň sözüni makullady.
ARNE GOLI
TURKMEN STUDY CENTER
3
ORAZ SERDAR
2016-01-23
Pažeski Corpus
*********
Şondan birnäçe ýyl soň, Oraz, patyşa ak ýürek bilen gulluk edip, patyşa goşunynda ofiserlik
derejesine mynasyp boldy.2
1911-nji ýylda Türkmen topragyna dolanyp gelen Oraz serdar, Köşi’de döredilen Türkmen atly topara
ýolbaşçylyk edýär. Bu ilkinji Türkmen milli armiýasy hasaplanýar. 1914-nji ýylda Birinji jahan urşuna
gatnaşan Oraz serdar, Türkmen polkuna ýolbaşçylyk edýär we görkezen edermenlikleri sebäpli «mukaddes
Georgi 3 we Georgi 2 medallar» bilen sylaglanýar. 1915-nji ýylda Türkmen topragyna dolanyp gelýär we
1917-nji ýyldaky ynkylabyň öň ýanynda polkownik çinini alýar. 1917-1919—njy ýyllar aragynda graždanlyk
urşy- ak gwrdiýaçilara we britan interwentlere goşulup, bolşewiklere garşy göreşýär, ýeňlenden soňra Aşyr
adanyň üsti bilen daşary ýurda gaçyp atýar. (A.G)
2
ARNE GOLI
TURKMEN STUDY CENTER
4
ORAZ SERDAR
2016-01-23
Käbir maglumatlara göra Oraz şol akademiýanyň şägidi Tatýana Mikhailovna (Artykgül)
Tekinskaýa (1878-1924) bilen tanşyp, onuň bilen durmuş gurmak isläpdir, ýöne Artykgül düýpgöter
onuň teklibini ret edipdir.
Harby mekdebi tamamlandan hemem birnäçe ýyl patyşanyň köşk atly garawullarynyň hatarynda
hyzmat edenden soňra Oraz serdar hizmet St. Petersburgdan öz iline dolanyp barýar. Birnäçe ýyl öz
işlerini meşgul bolan Oraz serdar, 45 ýaşa ýetene sene eýýam 1914 bolupdy. Oraz Türkmen atly
topara baş bolup 1-nji dünýä söweşine gatnaşýar, Zakaspiýe dolanyp gelende ol eýýam polkownik
derejesini alypdy. Şol döwürde Zakaspide graždanlyk urşunyň ody tutuşýardy. Zakaspide
häkimiýetden agdarylan patyşa wepaly ak gwardiýaçylar bilen bolşewikler arasynda häkimiýeti
eýelemek ugrunda diş-dyrnak urşlar barýardy. Aklaryň Aşgabatda guran täze hükümetine Hojageldi,
Hajimyrat,
polkownik
Oraz
serdar,
Garaş
han
ogly
Han
Ýomudsky
(1868-1928) we Seýitmyrat Öwezbaýew (1889-1937)... dagy goşuldylar.
1918-njy ýylyň güýzünde gurlan «Musulman Komitetiniň düzümine Oraz serdaryň ýany bilen
doganlar Bekgi we Kakajan Berdiýewler goşuldular. Guramanyň neşir organy "Daň ýyldyzi"dy. Bu
gazet soňra ýaş türkmen ynkylapçylaryň beýanyna öwrüldi. Onda Türkmenistan Komunist
partiýasynyň gejekki ýolbaşçylaryndan, partiýanyň sekretarlaryndan biri Halmyrat Sähatmyradow
(1938 1898) idi. 1918-nji ýylyň fewralynda bu komitet dargadylypdyr. Şondan soň ol Bäherden
etrabynda gizlenip gezipdir.
1-nji jahan urşuna gatnaşan Türkmen polki
ARNE GOLI
TURKMEN STUDY CENTER
5
ORAZ SERDAR
Polkownik
2016-01-23
Oraz
serdar
Zakaspi
hükümetini
(ýa
da
Zakaspi
dolandyryş
komitetini)
esaslandyranlardan biridi. Oraz Serdar ýokary derejeli Denikiniň medalyna mynasyp boldy. Onuň
tagallasy bilen türkmenlerden goşmaça Zakaspi piýade topary we Türkistan piýade birligini guruldy.
Türküstan birliginde takmyn 9000 adam jemlenipdi.
“Zakaspide iňlis goşunlarynyň baştutany general Malleson ýerli halkyň türkmeniň özbaşdaklyga
tarap öwrülmegini güýçlendirmege çalşyp, özüniň türkmenler bilen gatnaşygynda uly işler edýärdi”
diýlip, akgwardiýaçylaryň dokumentlerinde ýazylypdyr. Iňlis generaly bilen Oraz serdar pikirdeş
bolupdyr. “Oraz serdar türkmen halkynyň özbaşdaklygy ugrundaky göreşde aýratyn yhlaslylyk
görkezdi” diýip, general Malleson belläpdir.
Oraz derdar Ak gwardiýada gulluk eden döwri britanlaryň Türkmen topragyna girmegine gabat geldi,
britan interwensiýasyny bolşewikler ýeňdiler we olaryň ýurtdan gaçyp gitmegine alyp geldi.
Oraz serdar 1919-njy ýylyň aýagynda — 1920-nji ýylyň başynda ýaraglanyp, gämi bilen Çelekene
gelýär. Ol bu ýerde ýagdaýyň öwerlikli däldigine göz ýetirip, şol gije gämä münüp, Türkmensähra we
ol ýerden hem Goçant şäherine gidýär. Ondan soňky ykbaly belli däl. Ol soňra daşary ýurda aşyp,
1929-njy ýylda Ýuguslawiýanyň paýtagty Belgratda ýogalyp, şol ýerde hem jaýlanypdyr.
Mallesonyň Zakaspidäki pitneleri we Oraz serdaryň ykbaly halkda ýene şeýele maglymat bar:
“General Malleson’s troops moved into Transcaspia in August 1918 at the request of
the Socialist Revolutionary Transcaspian Provisional Government established in
Ashkhabad. In August and September they fought, in alliance with Russian White
troops and Turkmen detachments, under the leadership of a native nationalist leader,
Oraz Serdar, against Red troops trying to penetrate from Tashkent. Malleson had
connections with some of the Basmachi chieftains, but, according to Soviet sources,
there is no evidence that he supplied them either with money or with arms.84 In
February 1919 British troops received orders from London to evacuate the
Transcaspian region, and by early April they were entirely out. In July the Red troops
approached Ashkhabad, which was defended by Oraz Serdar and his Turkmen units.
After the city had been taken, Oraz Serdar fled to the desert and joined the Basmachi
units in the Khiva district.85 British intervention in Turkestan was thus of brief
duration and had no important effect on the course of the Civil War there; at best it
delayed somewhat the extension of Soviet rule to the southeastern shore of the Caspian
Sea.
The formation of the Soviet Union: communism and nationalism, 1917-1923
By: Pipes, Richard. © Harvard University Press 1997.”
(Bu goşmaça maglumat menden. A.G)
ARNE GOLI
TURKMEN STUDY CENTER
6
ORAZ SERDAR
2016-01-23
Baýramalyda 1919-de Mallesonyň kargähinde düşürlen surat.
Oturanlar soldan: S.Öwezbaýer. Oraz serdar.
(Transcaspian episode. Ch. Ellis’ň kitabyndan)
Myratgeldi Söýegow
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň akademigi
Milli golýazmalar inistitutiniň neşri.
Aşgabat, Türkmenistan
Makala gysgadylyp alynday
Rusçadan terjime eden we goşmaça suratlar hem dokumentler bilen bezän:
Arne Goli
Taryh ylymlaryň kandidaty
Şwetsiýa
Ýanwar 2016
ARNE GOLI
TURKMEN STUDY CENTER
7

Benzer belgeler

A.Goli Türkmeni Öwreniş Me

A.Goli Türkmeni Öwreniş Me hem täze bir rus kloniýasyny döretmek maksady bilen orsýetden, Volgadan we demirgazyk Kafgazdan, malaganly işçileri Gürgen-Gara suw arasyndaky mes-mele toprakly ekeran ýerlere göçürüp getirýär we o...

Detaylı