ine - Ertir

Transkript

ine - Ertir
ertir.com
döredijiligi.
ertir.com saýtynyň agzalarynyň saýtyň edebiýat
bölümine 2015-nji ýylyň Oktýabr aýynda ýazan
goşgularynyň ýygyndysy. (goşmaça @mugallym gyzy
agzamyzyň ýokarda aýdylan bölümde ýazylmadyk
goşgulary)
Türkmenistan.2015ý
Ömrümden yzda galdym... @Mätgurbanow
Ömrümden yzda galdym,
Gitdi ýyllar öñürdip.
Bir topar sorag galdy,
Jogaplary gümürtik.
Diýdim ýördüm özüme,
Entek ýaşdyr, çagadyr.
Şeýdip näçe ýyllary,
Boş geçirdim, bigadyr.
Alysdady menzilim,
Ýetmäge ýetişmedim.
Bir gara göz goýnunda,
Bilýän, köpräk düşledim.
Ge:rdi bütün jahany,
Imi-sala saklasym.
Myradyma ýetmedim,
Kemter boldy yhlasym.
Ele aljak dünýämiñ,
Özüm elinde galdym.
Ýetmän iliñ ýüregne,
Kiçi dilinde galdym.
Aýaklarmy ýöretmän,
Göwünümi ýüwürdip.
Men juda yzda galdym,
Ömrüm gitdi öñürdip.
"Gitseñ"
Gitseñ ýykyljak ýalydy,
Ýöne dünýä üýtgemedi.
Bar bolan zat ýüregimi,
Ýalñyzlygym düýtmeledi.
Dogry kä kalbymy berdim,
Gussañ hökmüne howala.
Hiç kimden jogap tapmadym,
"Nämüçin" diýen sowala.
Günler geçdi, gaçdy kem-kem,
"Geljegiñe" bar ynamym.
Boýun aldym señem indi,
Geçmişime garylanyn.
Bu durmuş göwnübir ýaly,
Üýtgetmedi ş:o bolşuny
Bir men has gamgyn synlaýan,
Ýapraklaryñ "ýogalşyny".
Ýaprak deý tändi köñlümden,
Başa barman päk niýetim.
Hemem ömrüm bir azajyk
Yitirdi öz ähmiýetin.
Sen ýada düşýäñ diýmeseñ,
Durnalañ gidýän halaty.
Dünýä asyl üýtgemedem,
Gitseñ ýykyljak ýalydy.
Mätgurban Mätgurbanow
ŞATLAN,GÖZEL,ŞATLAN JUWAN WAGTYŇDA. @Azat_33_ashyk
GAMLANMA GYZ.
Neçün geýinipsiň sen gara geýim?
Gül ýüzüňe tukatlygam ýaraşmaz.
Ynan,gözel,wagt saňa garaşmaz,
Geçer gider daňyň şemaly deýin.
Pursady eliňden giderme, ak gyz,
Şatlan,oýna,hoş bol juwan wagtyňda.
Ana şonda çüwer gider bagtyňda,
Şondan özge bagt,dünýäde ýok,gyz.
Gynanma,söýgümi giderdim diýip.
Söýgi gidýän zat däl,ol baky diri.
Baky ýatda saklap,biwepa ýary,
Göze ýaş aýlamak,aýyp bor,aýyp,
AZAT Nurgeldiyew.Şahsy döredijilik.
Söýgim hakda... @Gerkez
Set müň ýolly hem sowally söýgüni,
Öwreden bolmandy, mekdepde nygtap.
Söýenler öwdüler kemini goýman,
Aşyklar süýjetdi müň kerem magtap.
Söýüp gördüm, söýüp ýörin henizem,
Şol söýgiň ajysyn-süýjisin duýup.
Söýşümi kä ýerde sylsalar ýüze,
Kä ýerde bolşumy gördüler aýyp.
Şol söýüp ýörşüme geçip gidipdir,
Günleriň, ýyllaryň esli bölegi.
Ekilen nahallaň, kiçijik ýollaň,
Şol wagtky deň-duşlaň gezip ýöreni
boý alypdyr, ulalypdyr ählisi.
A meň söýgim bolsa, şol bir terligin,
Şol bir ezizligin saklap dur şindem.
Ýürekde gül bolup, açylan söýgim,
Hiç solmaz indem...
Lezzet, ezýet baryn berýän bolsa-da,
Hut şol söýgi meni ýaşadyp ýören,
Hut şol söýgi meni ýaş edip ýören.
Nowruz Garaýew
Mährem eneler @ türkmen_ogly.A.D
Ulalsakda bizi çaga görýàñiz,
Bize màhir berip balam diýýàñiz,
Siz bizi hemmeden beter söýýàñiz,
Başyñyz dik bolsyn màhrem eneler.
Ýylgyrsañyz gaýgy gamlar duýulmaz,
Kà bir eneleriñ gadry bilinmez,
Özge gujaklarda màhir duýulmaz,
Ala ýaz gujakly màhrem eneler.
Ençe şahyr düzdi menem düzeýin,
Şu goşgyny size sovgat bereýin,
Diliñizden alkyşyñyz alaýyn,
Dünýàniñ bezegi máhrem eneler.
Siz beýik mukaddes ornuñyz başga,
Siz bizi bu dünýà indiren başda,
Başyñyz dik bolsyn süýki durmuşda,
Dünýàniñ hözirin görüñ eneler.
Aglatmalyñ ynjytmalyñ ömrüne,
Degmàliñ olaryñ nà hak gövnüne,
Nesihatyn alyñ gitmàñ tersine,
Alada galmasyn màhrem eneler.
Aladasyz gezsek olar begener,
Bize bir zat bolsa bagry eziler,
Derde melhem tapjak bolup elener,
Goý göz ýaş dökmesin màhrem eneler.
Döwlet Berdigylyjov.
Owadan gyza... @Gerkez
Bar sözlerim gitdi dilimden eräp,
Galamymam şeýle çekdirdi näzi.
Şu çaka çen gözde hujuwym döräp,
Beýle gözel gözi görmändim häli.
Bir pursat bolsa-da duýaýyn mähriň,
Şol pursat höwür bor bütün ömrüme.
Serçe ýaljak ýürek syganok häzir.
Tutuş älem sygýan şu giň göwrüme,
Häzir göwrämde däl bolanja erkim,
Beýni diň salanok ejiz ýürege.
Ruhum bedenimi terk eden borly,
Eräp salaýmaly boldum çelege.
Gurjakdan sähelçe tapawudyň bar,
Ýok, ýok ...
kemlikden däl, owadanlykdan.
Hem-de bir azajyk mylakadyň bar
Buda bir alamat öte gowlukdan.
Garlawajyň ganaty deý gaşlaryň,
Ok bolup ýürege çümenin bilýän.
Arman arman...
şol gözleriň içinde
Öz bagtym däl özgäň bagtyny görýän.
Nowruz Garaýew
Maşgalaňyz doly bolsun! @Bolupbiler
Juda az ýaşaýar adamlar indi,
Ömürler ýokardan berilýär kelte.
Goňşyň ýedisine göründüm şu gün,
Tanşymyň üçüne gitmeli erte.
Bilýän ýene kändir eşdilmän galan,
Irden gidip agşam gelýäs tünege.
O dünýesi abat bolsun bendeleň,
Kabul bolsun berlen aýat süreler.
Altmyşa ýetmegem hyllalla boldy,
Ellä ýetip-ýetmän gidip otyrlar.
Gorky bar kalbymda ýene biriniň,
Öldi habaryny aglap getirler.
Ýitireňde duýýaň ynsan gymmatyn,
Goldar meni ajy ölüm dadanlar.
Köpüge degenok dünýäniň ýüzi,
Maşgalaňyz doly bolsun adamlar!
Ähli zadyň öz wagty bar diýýäler,
Ynanyp bilemok şeyledigine.
Öz wagtyndan has ir gitdi ejemjan,
Düşünmedi ömrüň beýledigine.
Ýaşap bolsa ýaşajakdy pahyrym,
Ýyldyz saýan käbäm Gün bolup söndi.
Ýüregimi elendirýär bir görnüş,
Juda az ýaşaýar adamlar indi.
Ýazmyrat Çörli
Ýagşylyk @Zubeyda
Ony unutmak gerek,
Ummana-da oklaman.
Täze ýollara seret,
Ýitsin yzyndan tamaň.
Gaýtargysy bolmaz ýagşylyklaryň
Hem bolmaýar ulusy ýa kiçisi.
Depesinden urjak boş gylyklaryň
Gowudyr ýollaryň diňe ýekesi!
Ýagşy umytlary,
Ýürek diňlesin!
Ony unutmaly
Hiç kim bilmesin!
GÖZELLIGIŇE GÖRK GOŞ EDEBIŇ BILEN.SADALYGYŇ BILEN BEZE
GÖRKÜŇI. @Azat_33_ashyk
UTANMA, GYZ, UTANMA.
Utanma gyz,utanma gyz,utanma.
Saňa seredýänim betpällikden däl.
Seniň keşbiň nazarymda tutamda,
Meni alyslara äkitdi hyýal.
Utanma gyz,utanma gyz,utanma.
Ýaşlygyňa buýsan,görküňe buýsan.
Görenler,bir şeksiz näzik bedende,
Kalbyň tämizligin,päkligin duýsun.
Gözelligňe görk goş edebiň bilen,
Sadalygyň bilen beze görküňi.
Tutaşýan söýgüniň oduna ýylan,
Diňe bir ýigide baglap erkiňi.
Buýsanyp gez,guwanyp çez,ýaryňa,
Bagtyň açyk bolsun,ýüregiň hem päk.
Seniň deýin perileriň barynda,
Bu söýgä,bu duýga hiç gutarma ýok.
Utanma gyz,utanma gyz,utanma.
Men seredýän diýip,ýüzüň öwürme,
Seni synlap,az salymlyk bolsa-da,
Men gaýdyp gelipdim ýaşlyk döwrüme.
Azat Nurgeldiýew.Şahsy döredijilik.
Seni söýýän ♥ @Şahsyýet
Seni söýýän, söýip ýörin içimden,
Munuň üçin kösemwýän özümi.
Gijesine uklap, dynjym alýaryn,
Kän bir aňtap, çalyp ýörmen yzyňy.
Dogry, käte ukym tutýar ýatlamda,
Kän bir agşamsyna iýemok nahar.
Gijesine ýyldyz sanap geçemok,
Ýyldyzymam bir gün ýylgyryp bakar.
Seň öňüňde ökünjim ýok, ünjim ýok,
Daglary gazmagam ýok aladamda.
Gijesine adyňa-da samramok,
Boýun alýan, turmam ýok ala daňdanda.
Ýüregimem elimde däl, göwrämde,
Oňa-da kän bermeýärin azary.
Göýä seni söýmän ýören ýaly men,
Günlerimem bir enaýy ýaz ýaly.
Saňa-da kän aýdyp ýörmen syrymy,
Ýöne akmak däl men, söýgim öçirden.
Senem muny bilmeýänsiň öýdemok,
Seni söýýän, söýip ýörin içimden.
Nowruz Garaýew
Doslarym hany @BigBrother
Dostun gutardymy jübine seret
Belki gutarandyr jübdäki pulyñ
Soñra sen oturyp biraz pikir et,
Cyn dostuñ durmusda gaty azdygyn
Pulluja gezýärdik kafeda barda
Käte oynaýardyk bilyartdyr narda
Dostlarym diyerdi: dostum sag bolsun başyñ
Menem monça bolup atardym başym
Hany saglyk dileyan dostlarmyñ bary
Dostlarsyz uzuldi yuregmiñ tary
Yakalarna münüm alsadym ary
Bileje keyp eden dostlarym hany
Her gun jañ edilip yagday soralar
Her gurlande adyn dostjan bolar
Puluñ gutaranson yzyñdan galar
Pula gowalaşyan dostlarym hany
Dostlarym aydayyn size bir zady
Hak dostlar yakmayar yurekde ody
Maksat aydar yurek cyn dostun zary
Yuregim paralan dostlarym hany
Awtor: Maksat Annageldiyew
Kimi söýýärsiñ?! @Bay.men
Perzentler ösdüren, niyetleri ak,
Bir ömür zähmetde, elleri hem päk,
Altmyşa ýetmezden saçlary ap-ak
Atañy soymezden, kimi söýýärsiñ?!
Ähli çagasyny bir yaly söýen,
Dañ säher nan yapyp, saçlary köýen,
Sana yüpek tikip, özi çit geýen,
Ejeñi söýmezden, kimi söýýärsiñ? !
Yagşyñy çykaryp, yamanyñ gizlän,
Kyrk bir sany janyn hem sende gözlän,
Baryna şükür diýp, bereket yzlan,
Ayalyñ söýmezden , kimi söýýärsiñ?!
Işden geleniñde "es-salam" diýýän,
Burnundan çekeñde kikirdäp gülýän,
Üç günjik görmeseñ düýşiñe girýän,
Çagalañ söýmezden,kimi söýýärsiñ? !
Gyşda baglaryndan miwesin üzen,
Yazda aýakýalañ düzünde gezen,
Eý, dostum, Allanyñ nazary düşen
Watanyñ söýmezden, kimi söýýärsiñ?!
06.09.2015ý
Ýitmek @Define
Ýitmek ýok bolmak däl, ýitmek gaçmakdyr
Ara açýan ýaly ýalňyzlygyňdan.
Öz tapan derdiňden gözleň ýaş akdy:r
Kalbyň hümledersiň: ýalňyz bu gün men!
Barybir gussaňdan ýokdur gutulmak,
Olar saňa halys öwrenşen bolsa.
Egniňe almaly amanat ýük deý
Hem aram tapmaly ýüregiň dolsa.
Ýitseň gutuljak deý ähli beladan,
Yzyňa ýol bolsa öwrülip goýber!
Tutýar ümdüzine pikirden ýadan,
umytdan dolmaga perdesiz öýler.
Gorkak şemal ýaly çala yranman
Käte tüweleý deý sowrup bar zady
Duýgyňa täzeden seretmek gerek
Hemem azaltmaly solgun perýady
Ýitmek çykalga däl, garaňky tamdan,
Az salymlyk öz-özüňe dolanmak!
Bir gündiziň güni, ýakylan şem deý
Soňam näbelliniň derdine ýanmak!
Ýürek owazy @Nowça 2811
Ýalan eken söýgiň,galdy çamanda,
Gözýetimden alyslara ýol saldyň,
Setirlerim doňup galdy galamda,
Biderejik duýgularma al saldyň.
Ýüregimi daladaňsoň gamlara,
Men özüme hemdem saýdym lirany.
Özüm atyp golaýdaky çalmara,
Aňzak gyşy geçirjegim bilýäňmi ?
Kibtim gysyp gezer ýaly aýbym ýok,
Bagş edip söýdüm men golda barymy,
A sen welin unudypsyň gideňde,
Goýmaklygy ýüregimiň ýaryny.
Şondada meň saňa ýamanlygym ýok,
Görünmeýän ýyldyz -adam ýüregi
Ynha ,bir gün ony gören tapylar,
Tolkunlara garşy urup küregi.
Baýhanow G
Ahy pygan eyledi @Kyýamat
Sensizlik kyn,eÿle bir syn,meniñ bu teñ halyma,
Üzñelikde ÿaśamak hem,agyr degdi janyma,
Heÿ gelmezmiñ bir gün säher, šöhle saçyp ÿanyma,
Näme çäre tapaÿyn men, bu tümlik ykbalyma,
Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi.
Didaryñy görübilmän naçar galdym, har boldum,
Göz öñüme getiribän, bir ajaÿyp hyÿal gurdym,
Göwün teselli tapmady, däli-diwana döndüm,
Men diñe señ gözleriñde bagtyñ šuglasyn gördüm,
Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi.
Meniñ derdim bilmedige gury nala, sedadyr,
Bikarar men ÿeldirgän deÿ, bu dert baša beladyr,
Gursakdaky päk arzuwlar, maña ÿaran penadyr,
Seniñ aÿ kimin kamatyñ, bilseñ dile senadyr,
Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi.
Eger dermany bolmasa, hassa haly nä bolar,
Aÿralyk ÿykar meni hem, birgün janymy alar,
Ne öli men nede diri, köñlüm armanly galar,
Kešbiñ ÿada salsam iki, didäm ÿašlara dolar,
Ÿürek aman diläp bugün, ahy-pygan eÿledi.
Eziz Hudaÿberdiÿew
Düşnükli
@Define
Ömürler düşnükli, ýyllar düşnükli,
Üzülen umydyň ýoly ümürsiz.
Düşnükli, üşeýän gülleriň güni,
Düşnükli, düşnüksiz sowallaň jemi,
Küpürsän ýellerden üýşmeleň dörär,
Duýgulaň külkesi süzülip akdy
Oňa eýe çykjak eller düşnükli.
Güneş görmän suwlaň joşýar hyýaly
Gamsyz setir ýöräp barýar arkaýyn
Kenardan tapylan çagajyk ýaly.
Gysga gurruň @ aslymarly
men yeke dal
ozum bilen sozleshyan!
Yyrtyp bu gijaning gara nikabyn
agtaryaryn yurek atly kitabym!
Yyldyzy dal, tegmilleri sanayan
her tegmilde yza: yatyr, ganayar!
Gyrylypdyr damarlarmyng perleri
Bu oy bolsa yada salyar kimleri..
ynha yalpyldayar, bu nur nameka?
"men umyt parlaryn, entek dirikang"
Howlukma aglamaga @Define
Yrgyldaýar bagry ýanan görejiň
Garyldy olar dumana
Sen bolsa azajyk garaş,
Howlukma aglamaga!
Seniň derdiň öňküsinden garyşyk,
Niredediň ýagyş ýagan mahaly.
Näme berdiň ýyllar hasyl ýygnanda?
Çagyrmadyň bahary.
Ýöne ýene garyldylar dumana
Sen bolsa azajyk garaş,
Howlukma aglamaga!
Ýyldyzlar ýylgyrdy, gürledi asman,
Bir gyrada oýa batdy ýüregim.
Aýdymy bileje ýetirmeli biz,
Diňleýjilere
Goý, gamlansyn nije setirlerimiz!
Dideler toz deýin girdi dumana
Sen bolsa azajyk garaş,
Howlukma aglamaga!
Düýşleriňde öwşün atsyn çynlaryň,
Giden öwrülmese bardyr bilýäni.
Üç gezek kowalap, bir gaçanlaryň
Bary tutup bilmediler dünýäni.
El bulanar ýene ýiten dumana
Sen bolsa azajyk garaş,
Howlukma aglamaga!
Men seniň arzuwyň @Nowça 2811
Men seniň arzuwyň,islegiň , belki
Parhy näme ,gapla meni kalbyňa
Söýgim erikdir meň gül açan irki
Söýgim kowalaşmaz ümre, salgyma
Sen meni tutaşdyr çyn söýgiň bilen
Aýt ,meň üçin aýdylmadyk dogaňy
Söýenler ýaşaýşyň gadryny biler
Söýgi adamzadyň ömür dowamy
Ýygralybam gördüň,utanyp gördüň
Bagt tapdyňmy sen garamazlykdan
Seniň söýgiň meni gorady ýördi
Şu günlere çenli ýaramazlykdan
Ýaşa ,sen arzuwym,armanym bolup
Ýüregimi ýaksyn söýginiň howry
Göwnüm--asman,gamlar ondaky bulut
Men öňem çyn söýgä duşanyň kowmy
Baýhanow G
GÜÝZ HAKYNDA GOŞGYLAR. @Azat_33_ashyk
Güýz gijesi.
Täsinlikler hakda men gürrüň açsam,
Bu gün güýz ýagmyrnyň ýagyşy täsin.
Güýsüň gözelligne göz aýlap geçsem,
Oň zemine salan nagyşy täsin.
Baglaryň ýapragy saralyp,solup,
Ýere gaýyp düşýär,taşlap şahasyn.
Ýetişen miweler,agramny salyp,
Beýik baglaň başyn egişi täsin.
Zaryn heňin çalýar güýzüň şemaly,
Geçen günlerimiň tutýan deý ýasyn.
Töwerek saralan ýaprakdan doly,
Olaryň şemala ygyşy täsin.
Ýene gurşap aldy oý,pikir,hyýal,
Maňlaýda döredi ýene bir gasyn.
Gürrüň ol gasynyň döreýşinde däl,
Bir ömrüň,bir gijä sygyşy täsin.
Bu gije gözüme gelmedi uky,
Urundym,düýrlendim,boldum bir gysym.
Uklaýsam,oýanman ýatjak deý baky,
Jan bilen ajalyň söweşi tasin.
Daňa golaý biraz giňedi göwün,
Daşardan eşidip,guşlaryň sesin.
Şahyr,tur ýeriňden,synla hem guwan,
Güneşiň täzeden doguşy täsin.
SARY ÝAPRAKLARYŇ TANSY.
Güýz paslynyň özboluşly görnüşi,
Aýlanyp-pyrlanyp şemal öwüsýär.
Sary reňk gurşapdyr,töwerek daşy.
Kä göwnüň galkynýar,kä ýürek gysýar.
Bag-bakjalar sary dona bürendi,
Ýaşyl öwsüp otyr diňe arçalar.
Gökde göçüp barýan guşlar göründi,
Kä ýerde saýraşýar ýerli serçeler.
Ýapraklar tans edýär,güýzüň sazyna,
Şybyrdap,öz täsin sazlarny goşup.
Şahalardan tänip yzly-yzyna,
Pyrlanýar şemalyň yzyna düşüp.
Kä saga gaýýarlar,käte-de sola,
Kä asmana uçup,kä aşak inip.
Olar tans edýärler iň soňky ýola,
Şu ýylky etmeli işlerni dynyp.
Dereklerem erki ýetmän özüne,
Şu görnüşe berip ähli ünsüni.
Yraň atýar güýz şemalnyň sazyna,
Goldaýan deý ýapraklaryň tansyny.
Asmandaky bulutlaram agnaşyp,
Bu saza goşulyp,tans edip gelýär.
Kä yza çekilip,kä öňe süýşüp,
Umman gomlaryny ýadyňa salýar.
Ýene-de bir güýzüň şaýady bolduk.
Pasyllar dolanýar,yzly-yzlyna.
Bu ajap gözellik,gamgyn gözellik,
Durkum bilen bendi edýär özüne.
Elmydam umytda bolmaly adam.
Men ýapraklarada,güýzede aşyk.
Aýlanyp-dolanyp dursun elmydam,
Bu ajap gözellik,ajap sazlaşyk.
Wariant:
Elmydam umytda bolmaly adam.
Men ýapragy söýýän,men güýze aşyk.
Aýlanyp-dolanyp dursun elmydam,
Bu ajap gözellik,ajap sazlaşyk.
GÜÝZ ÝAGYŞY.
Uzak gije ýagdy,dürüni döküp,
Düýn öýlän başlanan güýzüň ýagyşy.
Ýuwaşja pitikläp,aýnamy kakyp,
Oň ýüzüne çekýär täsin nagyşy
Menem ýarygije,ukydan bizar,
Penjireden sessiz seredip durun.
Gaýgy ýok,ýüregem berenok azar,
Bir salym unutdym aladaň baryn.
Ýag,ýagyş,ýag penjirämi nagyşlap,
Derde derman nemiň ýüzüme çaýyp,
Sary ýapraklar deý,ülkämi taşlap,
Gam-gussalar uçup gitsinler gaýyp.
Uzak gije seni synlap duraýyn,
Güýz ýagşynyň çalýan sazy ajaýyp,
Bu goşgynam,saňa sowgat bereýin,
Kämil däl,ýöne sen,etmegin aýyp.
Waspyňy ýazmaga söz baýlygym az,
Söýýärin,söýýärin seni,altyn güýz!
Güýz geldi,baglarda ýaprak saralyp,
Tänip ýere düşjekleri ikuçsyz.
Olar gamlanmaýar kalby daralyp,
Hiç kimden kinesiz,hiç kimden öçsüz.
Gaýta ýardam berip ýaprak ýapraga,
Bir birni sypaýar öwsen şemala,
Yzly-yzna gaýyp düşýär topraga’
Uçýanlarna begenýän deý hamala.
Towlanyp-towlanyp olar howada,
Tans edýän deý,güýz şemalnyň sazyna.
Ýere gaýyp düşüp,ýene şo bada
Towusýarlar,uçjak bolup yzyna.
Towlanýarlar,hersi bir ýan ygyşyp’
Galgaşýarlar öwsen ýeliň badyna.
Tolkun bilen suwsuz kenara düşüp,
Çyrpynýan balygy salýar ýadyňa.
Olar tänip,çar ýan gaýyp giderler,
Haly deýin,bezäp seýil bagyny.
Adamlar basgylap,gezim ederler,
Undup,olaň saýa salan çagyny.
Bahar pasly şygyr ýazyp waspyna
Diýipdik:”-biz sizi baky söýeris!”
Bu gün gaýyp düşýär aýak astyna,
Biz bolsa olary basgylap ýörüs.
Dökün bolmak ýapraklaryň ykbaly.
Gyşda gara ýere siňip gidýärler.
Baharda pyntyklaň düweri ýaly,
Olar özlerini gurban edýärler.
Güýz gapymy kakypdyr.
Salam,Güýz,sag-aman geldiňmi,gardaş?
Geliber,ne beýle ýaýdanyp dursuň?
Meniňem küýsegim,sen deýin syrdaş,
Gel,geç,iň arzyly myhmanym borsuň.
Hal-ahwal gowymy,ýagşymy tabyň?
A’rman gezip ýörmüň,bol hasyl paýlap.
Myhmanyňky üç gün-diýilýän däbiň,
Unut-da,boluber bizde,üç aýlap.
Küýsedim men,güýzüm,agras keşbiňi,
Gorkmanam durmadym görmerin öýdüp.
Alowladyp,öçüp barýan yşkymy,
Ýeneki ýyllar hem ,gelip dur şeýdip.
Üýtgeşik täzelik ýok bora çemli,
Egniňde şol öňki,saryja possun.
Biraz gojalypsyň,gözleňňem gamly,
Gel,derdiňi paýlaş,meň bilen,dostum.
Derdinşeli,uzak-uzak gijeler,
Hem diňläýin,çalýan zaryn sazyňy.
Ýürek giňär,ylham alar,güýjalar,
Synlap köp garaşan,eziz güýzümi.
Indi görmen öýdüp,edipdim pikir.
Sen,gelipsiň gaýdyp,Hudaýa şükür.
Kertilipdir ömür,eslisi geçip,
Bildirýär güýzüňem ýetip gelýäni.
Bildirýär güneşiň howury gaçyp,
Gara bulutlaryň agram salýany.
Şuwlap-şuwlap geçýär naýynjar şemal,
Ýapragy saralan baglaň içinden.
Meniň göwnüm bolsa daglaň içinde,
Azaşyp gözleýär yza dogry ýol.
Yza geçmiuşime,ýaşlygma sary,
Ýol gözleýän,arman tapyp bilemok.
Manysyz geçirlen ýyllaň azary,
Basýar, aşagyndan sypyp bilemok.
Kertilipdir ömrüň esli bölegi,
Bildirýär,güýz pasly golaýlaşýardy.
Ýapraklar ýatladyp tylla balygy,
Guýruklaryn bulap ýere düşýärdi.
Baglaram otyrlar,başlaryn sallap,
Her gaçan ýapragny kalbynda belläp.
Olar hem umytda,ynsanlar kimin,
Güýz geçer,gyş geçer,ýaz geler gülläp,
Ýene gülzarlyga öwrüler zemin.
MENIŇ YKBALYMA MEŇZEŞ ÝAPRAKLAR.
Pyntyk ýaryp,şahaň göwsün böwüsip.
Parlap ,pajarlapdyň ýaşyl öwüsip.
Adamlaň kalbyna şatlyk paýlapdyň,
Bahar şemalyna galgap,towusyp.
Juwan gyzlaň zülpleri deý ülpüldäp,
Gupbalarnyň şelpesi deý ýalpyldap,
Tomus jöwzasynda,saýaňa barsam,
Saçlarym oýnardyň telleriň sallap.
Güýz pasly,keşbiňe sary reň çaýyp,
Gynanýan deý uçup gitjegiňe gaýyp.
Nem soran şahaňy sypaýaň çala,
Yzyňda gamlanjak hossaryň saýyp.
Ýene-de kalbyma ýetişdi gussa,
Ykbaldan gaçma ýok,möwrütiň ýetse.
Azat Nurgeldiýew..
@Define
Güýzüň kenarynda düşlär ýagyşlar,
Ýapraklary ogşar, gaçyrar ýere.
Asmandan eçilýän mährem bakyşlar,
Güýzüň ruhy kimin dolarlar sere.
Bürenerin damjalara men gaýym,
Güýzüň ruhy şatlyk bilen güýmeýär.
Söýgime ruh goşup ýagdyr Hudaýym!
Adam diňe ýürek bilen söýmeýär.
Ýagyş soňra gaýyk ýasar ýaprakdan
Köljagazda aňryk-bärik yralar,
Deňizdäki gämä baksaň daşrakdan,
Boşap galyşyny ýadyňa salar.
Gaýyklar ýüzsünler soňsuza sary,
Äkitsin bu panyň ähli gussasyn.
Wagtynda münerler adamlaň bary,
Okap bermek üçin ýazan kyssasyn.
Boşan oturgyçlar ýaprakdan dolar,
Eliň barmaz aýyrmaga soň ony.
Sary damjalardan ýatlama galar,
Arzuw edip ýörsüň ýene-de şony.
Goranjak bolmaga meýilem etmen,
Goý guýsun päk ýagyş, goý gaçsyn ýaprak.
Men özümden gaçyp hiç ýere gitmen,
Bagryna basýança bir gün bu toprak.
Dileg @Smith
Häkimlik isläne - häkimlik bergin,
Baýlyk isleýäne - eçilgin baýlyk.
Kölege küýsäne - ganatyñ gergin.
Seniñ erkiñdedir bu beýik barlyk.
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Sahylara sahylyk ber, beglik ber,
Guýulara çüýremeýän çöwlük ber,
Hassalara däri-derman, saglyk ber,
Ogulsyza ogul, agtyk-çowluk ber,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Gaýratsyza gaýrat, tapsyza tap ber,
Kuwwatsyza kuwwat, zatsyza zat ber,
Ýatlara ýakyn ber, huşsuza ýat ber,
Bagytsyza bagyt bergin, atsyza at ber,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Derwüşe jinde ber, pakyra sena,
Elguşa ganat ber, pahyra pena,
Mömine sogap ber, Genjime dünýä,
Ýolsuza ýol bergin, jaýsyza bina,
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Şalara adyllyk, raýata amal.
Ýüwrege toýnak ber, ozmasyn çaman,
Pirlere tagat ber, açlara tagam,
Dilsize dil bergin, zehine - galam
Men medet soraýan Seniñ adyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Sözlere erkinlik, düzlere - giýa,
Ata-enäñ yhlasyn kylmagyl yrýa,
Ýigide erk bergin, gyz-gelne haýa,
Eý, Perwerdigär-ä, ýa bar Hudaýa!
Halas et bendäñi dowzah odundan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Deñlik ber-de, deñsiz bilen deñ etme,
Kemlik ber-de, il yrsgalyn kem etme,
Bozgaklaryñ bozgak başyn jem etme,
Ylham ber hem owazymy sem etme,
Giñlik ber dünýame Öz dergähiñden,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Bilbilleri gülzaryndan çykarma,
Ygrarlyny ygraryndan çykarma,
Deñizleri kenaryndan çykarma,
Ýer tebsiräp, kararyndan çykanda,
Derýa dolsun gara daglañ garyndan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Özüñ bergil, özgeden zat soratma,
Aşyklary - Magşuklarna zat etme,
Eliñ giñ aç, köñlümizi dar etme,
Magşar güni didaryña zar etme,
Şan ber ile şöhratyñdan-şanyñdan,
Ýöne bizem çykarmagyn ýadyñdan.
Ýoklukdan bar eden Ylahy-Emin,
Bize dergähiñden beripsiñ zehin,
Baýnamasyn görip, goý, ýansyn bahyl,
Bissimillahy er Rahmany, er-Rahym,
Mähriban, rehimli Allañ adyndan
Kasam ki, çykarma bizi ýadyñdan.
Nirede?.. @NoL
Hiç düşmedim bu ykbalyň oýnuna,
Umyt baglap gezen günlem nirede?
Alyp gitdi girdabynyň goýnuna,
Müýnsiz ýaşap geçen günlem nirede?
Kalbymda şatlyk ýok uçan mysaly,
Ne göwniň isleýär arzuw wysaly,
Hemme zat gussadan ýasalan ýaly,
Geljege buýsançly ýaşan günlem nirede?
Arassa howany sorup demime,
Diýerdim: “bu jahan süýji herkime”,
Täsin gözellikler goýman erkime,
Gamsyz ýaşan hezil günlem nirede?
Öçene meňzeýär gözlermiň nury,
Boşapdyr kalbymda arzuwlar gury,
Çölde azaşan deý ýoluny ugry,
Şol öňkije söýen günlem nirede?
Oturyp ýazdym bolgusyz kyssa,
Nädeýin dostlr erbet iç gyssa,
Bu jahan meň üçin gam bilen gussa,
Dolanmazmy, öňki günlem nirede?
Awtor diýer bu günlerem geçedir,
Gaýgy gamdan herkimlerem gaçadyr,
Ertirki gün şatlyk gelip göçedir,
Zyň gussany, hezil düýnlem nirede?..
Güýz goshgysy! @Bay aga
Şatlyga, şowhuna
beslenýär gözler,
Güýz pasyly-zeri sepýän
ussamy?
Ýapraklar saralýar, söýgi
möwç alýar,
Şahyrlara ylham gelýär
gussaly!
Kim, geçişine bürenip
otyr,
Ýatlamalar dünýäsinde
aýlanyp,
Ýary bozup wadasyny
berene,
Başga ýara ylgap barýar
şaýlanyp.
Kim dileyär : "Ýagmyr
ýagdyr soltanym"
A kim bolsa yagmazlygny
dileýär,
Pagtaçyň dahody bar
aladasy,
A magşuga bolsa, bagryn
dilen ýar.
Eziz güýzüm! Sen
düşünýäň halyma,
Ikimizem yaşap bilemzok
parhsyz,
Hemme zat gülbe-gül,
hemme şatlanyar,
Bir men bagtsyz.
Sen baharyn keşdesi. @Abdy82
Sen baharyn bir ajayyp keşdesi,
Çyk daşary tebigaty nagyşla,
Düyn tötânden nâzik göwnün yykypdym,
Gel ezizim söwer yaryn bagyşla.
Ay jemalyn nâzik gülden utanar,
Yazygy yok ol uyaljan gözlerin,
Öt günâsin tagaşyksyz yigidin,
Kösenç çekyâr çekip bilmân nâzlerin.
Ala gözlerin
Bagta kepil geçyâr ala gözlerin
Ak dünyânde bilbil guşlar sayrasyn
Asmana uçurlan yerin hemrasy
Kibi, bu söygümiz dünyâ aylansyn!
Ala gözler badam gabak yanaklar.
Elmydama bu aklyma ganym siz,
Yylmanak yüzdâki öwüsyân hallar,
Sizsiz bu dünyânin yşky manysyz.
Olar bize meňzemeýärdiler @Define
Olar bize meňzemeýärdiler
Däldiler uçgunlary syrly yşklaryň
Duýulmadyk gaýgylary.
Galyberse-de, görýän filmlerim,
Diňleýän aýdymlarym,
Okaýan kitaplarym, hatda, goşgularym
Bizi nireden tanaýarka?
Şatlyga bir garyş, gussa bir ädim barka,
Ikinjisini aňsat gördüm
Ýüregiňi diler.
Sebäbi
Olar bize meňzemeýärdiler.
Atsyz bakyşlar @Define
Ady ýokdy seniň ol bakyşlaryň
Goňur gözleriňde ençe ýagty bar.
Bagtly ol, gamgyn ol, aladaly ol
Olar ýüregiň deý örän ygtybar.
Dünýäni şeýle bir reňkli görkezýär
Ýogsam ak-gara deý
Içgysgynç.
Käte gussa batyp ýüregňi ezýär,
Köňül bir gysganç.
Saňa düşünmezler,
Bakyşlar kär etmez doň ýüreklere.
Bir adam bar düşünjek,
Bakaňda ýere.
Ady ýokdy seniň ol bakyşlaryň
Ol goňur gözleriň örän ygtybar.
Siňip gitsedim men, ähli gyşlarym,
Gözleňde ruhumyň ap-ak bagty bar!
Janym (öz düzen goşgym) . @Rj_rijey_97
Gözlerimde aylanyp dur bu dünye,
Dodagymda heniz titreya bir ses.
Menden alyslara gitme sen beyle,
Yanymda bol her an hoştap bir nepes.
Yanymda bolsan geçeris zeminin,
Kyn synaglaryny biz bilelikde.
Sana bil baglayan, mundan emin men,
Bagtly bolarys ikimiz elbetde.
Seni kimselere bermen hiç haçan,
Asman yyldyzyny gabanan yaly.
" Özgani söymerin " aydyan aç - açan,
Sensiz üstüme howp abanan yaly.
Bu ömrümiz akyp baryan suw-çeşme,
Bir-birege wepa tapylmaz baylyk.
Şeyle bir söyyarin, men sana teşne,
Sen hem bolgun mana hemişe sadyk.
Alawa menzemek islemezdim hiç,
Lawlap bir yanar-da, öçer ol yalyn.
Yşk odunda yanyaryn men indi giç,
Emma sen elinde öçürmek JANYM!
Ogluma @[email protected]
Oglum saña aýdym aýdyp bereyin,
Saba yeli bolup sacyn darasyn.
Hos aýdymyñ sozleriniń ýakymy,
Gursagyñda ucgun bolup koresin.
Oglum saña aýdym aýdyp bereýin,
Ýureklerde soýgi odun doretsin.
Garganly-garganly goja daglaryñ,
Basyndaky garlaryny eretsin.
Oglum saña aýdym aýdyp bereýin,
Aýdym bilen dunyan yuzun kesdele.
Aydym bilen busla bagtyyarlygmyz,
Ganat bersin, kuwwat bersin esdene.
Oglum saña aýdym aýdyp bereýin,
Josup-josup sirwan perda galaýyn.
Ulal basym, soñ ozun aýt aýdymy,
Menem cagalygma gaýdyp geleýin.
01.05.2015ý. ***
Oglum, oguljygym, gel hany munda,
Bir zat gorkezeyin, garynja seret.
Ol irginsiz zahmet bilen yasayar,
Senem suny gor-de, oylan pikir et.
Her saher dan bilen cykyar oyunden,
Gybyrdanyp gecyar uzynly guni.
Saylaman iyyar ol tapan hilinden,
Zahmete besleyar gundizligini.
Gun yasandan yene oye dolanyar,
Oz oyunde atyryar ol danyny.
Ertir yene zahmet guni baslanar,
Gollary cermelgi, eli danylgy.
Oglum, oguljygym, gel hany munda,
Gorelde alarlyk durmus bar munda...
Meýlis BALLYÝEW,
Daşoguz welaýaty
13.06.2015ý.
Giňlik @Define
Adam sähel ýerde giňlik küýseýär.
Giňlik gerek göwnüň galkmasy üçin.
Özgä öwüt bermek ýeňildir ony,
Darlygyndan halas etmek juda kyn.
Giňlik sygjak bolýar insiz kapasa
Bir gussadan aňsat taplamak üçin.
Kiçijik gysymyň näzi bar, ýogsa
Ähli böwşeňligiň dolmagy mümkin
Adam sähel ýerde giňlik küýseýär
Darlykdan has dünýä gysar berkiräk.
Ýarym göwün iki ýana elewrär,
Belki ýetmez perýadyňa “inşirah”.
Soň giňligi ýüregimden gözledim.
Bir burçunda mesgen tutar ol hökman.
Sözýetime täsir edýär gözýetim
Ýaşadym giňligi kalbymda bukman.
Giňlik gerek, edil erkinlik ýaly
“Giň bolmaly”, iň ýoň bolan teselli
Ýöne bir darlyga düşünmek üçin,
Şondan çemçä üfläp dadyp görmeli.
Köňül pyýadalap barýar giňlige
Gurşun ýadasa-da nyşana degýär.
Irde-giçde gowşan bolsa çuňluga
Bar darlyk öňüňde başyny egýär.
Sowukganly ruhuň mäkäm berkeýär
Päk haýbatly azm urmaly darlyga.
Beýnem öz ugrunda dynman selpelär
Düşünmäge ýokluk bilen barlyga.
Ahyry gowşar ol seleňligine
Bir yş bolar giňligiňe sebäpkär.
Dargursaga alaç tapylar welin,
Giňligi daraltmak asla gerek däl.
Sana gülyaka. @ Abdy82
Elimi uzatdym nurana aya
Eger alyp bilsem sana berjekdim.
Gije arzuw etdim jemalyn yatlap
Bir sagat otursam dana yetjekdi .
,,Yedigen'' boynuna monjuk bolaysa
Gülyaka bolaysa günem döşüne,
Tylla sapagyndan yolup ,,Ülkeri''
Emay bilen dakyp çyksan döşüne
Üç yüzük yasasan ,,Altyn tereziden''
Hemem ony sowgat etsen özüne,
Yüzün gyrsan ol ,,Kümüşden terezin''
Kümüş çaysan bilezigin yüzüne.
Bir sözüne bagş etsen ,,Akraby''
Ol ,,Daluwdan'' asyk etsen saçyna
,,Ajayypdan"gupbasyna ulansan
Zynat berer keman yaly gaşyna.
,,Günorta tâjini''yonsan sünnâlâp
Hemem goysan gupban aylaw tâjine
Apbasylar ,,Oriondan'' ...ay garaz
Bezâbersen bezâp bilsen nâjüre
Yöne welin dolan aya degmesen,
Ulanmasan zerre yaly daşynam
Hayyş etsen senem bir ber bahany,
Birlay synlap çyksa ay hem daşyndan.
Gül yüzüni ay synlasyn dykgatly,
Gül jemalyn şöhle saçyan mahaly.
Diyse hyrçynyny dişlâp edaly
Wah bolsadym menem edil sen yaly.
A.Abdyyew
Pursatyň ýaňy @Define
Manysyz ýaşadym käbir pursatlar
Kä pursatym sowgat etdim gör kime.
Meniň bar ömrümi jemleýän zatlar
Has ir goýberdiler ýalňyş ýelgine.
Bukulmadym kölgeleriň astynda
Güneşli gün gözüm gyrpmajak boldum.
Başymy gujaga salmaryn munda
Näbelli esere çekilen goldum.
Gitdim, äkitjek deý meni ýelmaýa
Kök urjak damarlam toprak gözledi.
Sebäp agtarmadym çala gülmäge
Gussalamam hiç mesele çözmedi.
Pursata garaşdym duýgulam üçin
Gelermi, gelmezmi parhy ýok maňa.
Oňa göz dikmegiň lezzetin datdym
Indi gitsemde bor garylyp çaňa.
Indi şemal öňküsinden has çapgyn,
Maddy pikir bilen gozgadym ruhy.
Pessaý ýylgyrşymda döredip gopgun
Aýlanýar pelegiň döwülen çarhy.
Goşgy @Ashyrhan
Duýgulam şem bolup ýanyp gutarar,
Nokady goýulman galar şygrymam.
Ýene başym sallap ýola düşerin,
Ýadan aýaklarmyñ äden ugruna.
Tanap deý ýodalar äkider meni,
Mährem gujagynda gizlär dereler.
Hiç kim eşitmejek pyşyrdy bolup,
Derdimi asmana aýdyp bererin.
Şonda ýagyş ýagar, bulutlar üýşer,
Şemal oýnar bulam- bujar saçlarym.
Ak çägä ýaplanyp uklap galamda,
Hydyr ata bolup girersiñ düýşe.
Alaçsyz men- duýgularma däl eýe,
Kän kösenýän gelip bilmän aýgyda.
Şygyr edip ýazyp ýörün täleýim,
Gala gurýan öz daşyma gaýgydan.
Aral deý çekilip, gutarar duýgym,
Şygrym soñlap bilmän kösenerin men.
Ýene başym sallap ýola düşerin,
Derdimi paýlaşyp köçeler bilen.
Aşyr HANOW
Aýal doganyň bolsa @Gazcy
Dünýäň ýüzi lälezar,
Aýal doganyň bolsa.
Etmez mätäç ile zar,
Aýal doganyň bolsa
Didäm üsdünde ornuň,
Daýzasy gyz oglumyň
Bagbanydyr şygrymyň
Aýal doganyň bolsa
Dözmediň sen käbäm dek
Gitme düşjek obam dek
Doganym dek, joram dek,
Aýal doganyň bolsa.
Meň öýüm seniň öýüň,
Syratyňda ejem deýin
Birek- birege boýun
Aýal doganyň bolsa.
Şahaňa goşa gülüm biz
Bir gan, bir jan tenimiz
Badamydyr ýermiziň
Aýal doganyň bolsa.
Uýaly dünýäň örkli,
Ýegenler bilen görkli.
Syrymyň bary gulply,
Aýal doganyň bolsa
Gazçy
Sen kimsin? @ Rj_rijey_97
(Öz düzen goşgym)
Bilmerin sen kimsin? Arman bikesi.
Elim yetmez alys parlayan yyldyz.
Ya-da dogyan şapak, gelyar bakasym,
Ak kebelek deyin biazar bir gyz.........
Men özüm kim? Sen yşkynda köymane,
Bir bendi ynsan men çümyarin oya.
Bagyşla sen, jürret etdim söymane,
Bu ejiz kalbyma boldun sen eye.
Men ,,gözli kör", ynanyaryn aldava,
Arman bolan arzuvym bar müdimi.
Ey, ,,bagry bütinler" gelin goldava,
Ebedi söyerin seni ebedi.
Ynansan şeyle bir söyyarin seni,
Hemmeden gabanyp, bu tenim helak.
Keman gözlerini görmeklik üçin,
Başarsa Zöhreden geçsin-da Pelek.
"BELKI SOÑUMDYR..." @Perwana perwazy
Bu gün öňkülerden üýtgeşik ýaly
Bialaç diýdirtýär belki soňumdyr
Ýogsam nurly Günem doganok häli
Kim bilýä, belki bu soňky daňymdyr
Kim bilýä belki bu soňkuja goşgym
Belki soňky gezek çekilşim gyra
Ýüregimi dildiň sen soňky gezek
Belki bedendäki bu soňky ýara
Hol görünýän çal geýnüwli ýaşuly
Gelendir belki-de janym almaga
Hemme zat şeýlebir ir gutarmyka?
Entek ýetişmändim çyndan gülmäge...
Bu gysga ömrümde ýetişen zadym
Maşgalamy, seni , Watanmy söýmek
Diňe şular, jandan eziz görýänlem
Belki beýle diýşim bu soňky gezek
Bu pursat belki-de soňky minutlam
Belki soňky gezek görşümdir seni
Meň söýenlem, dost- ýar, dogan-gardaşlar
Soňkyja ýoluma ugradyň meni
Awtory: Ertir.com'uñ bir agzasy
\
garrylyk bilen.. @ARA
Medenyetli wagtymyzy olduryas
Wagyt bize eder diyip garashyk.
Yashlyk edip saglygymyz yitiryas
Gymmatyna goz yetiryas garrashyp.
Garrylygy duymasada gowunler
Goyberenok manlaymyzyn yygyrdy
Diyyañ yash bolsadym, bolsady shol wagt
Hazirki dek kelledaki shygyrdy.
Yol berenok duymazlyga garranyn
Saglyk bilen dert-alada, yeneler...
Siz hazirden bilip goyun balalam
Saglyk bolsa garrylygnyz kemeler.
Kine @Nowça 2811
Bolýar öýkeledim,ýöne ençe gün
Garaşdym,jaň edip ötünç sorarňa
Bu neneňsi düşnüşmezlik,aýtsana,
Senä meni,a men seni ýazgarýan
Ýöne,goý şondada ilki barybir
Parhly bolaýjak ýaly sen hamala
Şol günden soň gabat gelemok heniz
Sataşybam baraýaňok salama
Içim ýyrtyp barýar ýekelik ody,
Gyzykly däl,öňki güýmenjelerim.
Jaň edipsiň agşam teý,görmändirin
Wah,nirden bileýin seň aýlajagyň ?!
A.H
Gaýgylar @Define
Galdy eýesiz,
Üstüňden birugsat ýagýan gül kimin
Hem Gün kimin eliň bilen sönmeýän
Eýesiz galdy olar.
Olar öz-özünden şeýle önmeýär
Käte ýersiz ýere dogar
Olar –
Yşk kök urmasa kalpda dömmeýär.
Sen gizlärsiň ýüregiň iň töründe
Gaýgylar gözleňden sereder gamly.
Ol bir garyş uly, üç garyş kiçi
A sen belent dag deý dik dur ynamly.
Duýgularyň gursagynda dörändir
Eýe çykylmasa ulalar gider
Bir ýaprak mysaly göwnüňden tänsin
Gaýgyň ýüregiňden etmeli heder.
Sen borsuň derdiňi bagta öwürjek
Gaýga ýol görkezjek ýene seň özüň!
Yşgyň ugry bilen selpeýän ýürek
Gaýgydan ýanmasa, döremez közüň!
Şam, agzanyň kapiýasyz goşgylary @Şαм
Eý jan zenan
Derde galan bu ýüregime,
Rehm eýlegil, eý jan zenan.
Halas eýle gamly göwni,
Halas eýle, eý jan zenan.
Hiç teselli tapmaz ýürek,
Bir derde ýolugsam gerek,
Göz dildedir daş töwerek,
Halas eýle, eý jan zenan.
Men bir köňli ölen gerçek,
Rehm eýlegil boldy birçak,
Gözleriň har eder heläk,
Halas eýle, eý jan zenan.
Sensiň meniň derde janym,
Ölen köňlüme dermanym,
Sensiň ýeke täk jananym,
Halas eýle, eý jan zenan.
Aýdar Şamuhammet, dessan,
Ýöreýşiň bar messan-messan,
Gül-gunçalar desse-desse,
Sowgat saňa, eý jan zenan.
Mähriban ynsana @Friendship
Irden tanyş ýollar bilen barýaryn,
Köçeler eýýämden gohly, şowhunly.
Şadyýan çagalaň gyk-bak seslerin
eşdip, göwnüm ýene saňa owsundy.
Ýadymda, gumaksy ýollardan ýöräp,
Mekdebime giderdik biz bileje.
Şol gumaksy ýollar, çaňly köçeler
Aýna deý ýollardan mähremdi, eje!
Senden uzaklarda üşeýär käte,
Bu gün berk gysymlan şol çaga elleň.
Seň maňa bagş eden mähriň ýerini
Tutup biljek mähir görmedim delden.
Dostlarmy küýsämde, goşga ýüzlendim,
Ýaksa, aýdym aýtdym söýgümiň derdi.
Ýöne seni juda göresim gelse,
Ne goşgy, ne aýdym hemaýat berdi.
Ýyllar geçdigiçe, anyk bilýärin,
Bu duýgy ömrüme ýakymyn seçer.
Bu günem ýüregim saňa owsundy,
Alysda meň üçin nan ýapýan ejem!..
Bagtymyz hakda. @Abdy82
Owalyn bir Allam, bir beyik Allam
Yhlasymy yhlasyna duşursyn.
Söygümize badak salmak islâni
Öt günâsin tabak doly aş ursun.
Yazlaryma yazym bolup goşulan
Söygün baky bagtym bolup gül açsyn.
Söygümizin yhlasyndan, güyjünden
Sâhranyn bezegi güller dil açsyn.
Gujak doly gül yygayly bagtdan,
Bagtyn meydanynda baky bileje.
Agyn dâl begenjin yaşy görünsin,
Jak-jaklanda gözlerinde çalaja .
A.Abdyyew
Sen şeyle bir ökde baglap goýmaga @Miss lalijek
Haýyşym ,her saba iñ tamiz çakda,
Şu gudrat öñünde dyzyña çökûp,
Ikimize biparh bakan bagt hakda,
Gypynç etman,şygyr oka,goşgy aýt
Unudaýma, hökman menem goşup aýt!
Saña bakýan bu gözlerim bigamdyr,
Saña teşneligim näme degmeýär,
Biziñ çakymyzdan ýyllar ýyndamdyr,
Soñ bu günler gel diýsegem gelmeýär.
Synamy dagyna tutan otsuñ sen,
Öçürip bilmedim öçürmediñ sen,
Ýuregimiñ jaýyna batan oksuñ sen,
Yok,gaçyp bilmedim,gaçyrmadyñ sen.
Haýyş edýän yitirmegin,
Saña yazan sözlerimi,
Okanyñda unutmagyn
Kalba salyp ýylgyrmagy .....
Ejeme... @Ashyrhan
Telefondan gelýär seniñ mähirden,
Aladadan dolup duran owazyñ:
"Oglum, galyñ geýin, üşäýme birden,
Bilip bolmaz güýz gününiñ howasyn!"
Asmana bulutlar üýşüpdir, meger,
Ýagyş ýagyp, giñ köçeler eziler.
Şonda, arman bolup kalbyma siñen,
Duýgulam baş bermän, gider kejime.
Nämedir bir zady küýsärin hem-de
Uzyn asfalt ýoly giderin boýlap.
Asman aglap bolup, ýagyş diñende,
Ötegçi şemallar saçymy oýnar.
Kalbyma müñ dürli hyýal ekerin,
Ellerim kisämde, gözüm asmanda.
Ähli zatdan dilgir bolýan ekeni,
Adam öz-özüne dözüp başlanda.
Telim soraglarym galar jogapsyz,
Soñsuz gussa bilen ot alar içim.
"Şu günler adamlañ kalby sowapdyr,
Üşäýme!" diýsene, mähriban ejem!
Arassa asmanym men saňa berýän @Nowça 2811
Säheriñ sabasyn, guşlañ owazyn,
Bilbilleriñ sazyn men saña berýän,
Çeşmeligiñ-çaýyñ, dagyñ howasyn,
Arassa asmanym men saña berýän.
Söýdi seni bu ejizje ýüregim,
Bu dünýämde sensiñ ýalñyz geregim,
Durmuş ummanynda gämim, küregim,
Tutuş älem jahan men saña berýän.
Şu älemde bagtly bolmagyñ üçin,
Owadan ýylgyryp gülmegiñ üçin,
Dünýäde şa bolup gezmegiñ üçin,
Kösk eýwanym, tagtym men saña berýän.
Söýen janym söýýär seni bu janym,
Söýgi äleminde saýlanym, ýarym,
Sen indi bolduñ men baharym, yazym,
Bahar gözelligni men saña berýän.
16.09.2015 Awtory nabelli
Goşgy @Ashyrhan
Gökden Güneş bolup bakdyñ sen maña,
Şo pursat gar deýin gitdim men eräp.
Söýgiñ serpaý edip dakdyñ sen maña,
Ebedi bagtyma bolduñ-da sebäp.
Gijelerme şirin-şirin düýş berdiñ,
Päk hyýaly gursagymda göterdip.
Saña barýan ýodalarda güýçlendim,
Söýgiñ meni señ ýanyña getirdi.
Täleýiñe baglap goýduñ bagtymy,
Arzuwlarmy didelerñe sapdym men.
Ýitigimi ýyllarboýy agtaryp,
Seniñ tämiz ýylgyrşyñdan tapdym men.
Şowly bijäm, amadym sen, maýagym,
Hoş gylygym, ýagşylyga höwesim.
Eý, tumarym - gursagymda aýanym,
Hiç zat tutup bilmez seniñ öweziñ.
Tylla balygym sen bagtymdan inen,
Üç däl, bir dilege kaýyl men, kaýyl:
"Soñsuz ahmyr bolup siñmäwer düýne,
Gitme durna kimin ganatyñ ýaýyp."
Aşyr Hanow
Käbäm ejem sagbol eden işiñe @Tarakan_derman
Dokuz aylap göwresinde göteren,
Kabam ejem sagbol eden işiñe.
Meni saklap şu günlere yetiren,
Degemok men birje damja yaşyña.
Adyñ düşmez Kabam şirin dilimden,
Saklaryn mertebañ mydam her wagt.
Yörjen-yörjen boldum tutup eliñden,
Señ yylgyrşyñ maña in uly bagt.
Saña naçe yazsam bilyan juda az,
Seniñ waspyñ hiç yetirip bilemok.
Sen yanymda,bu durmuşym ala-yaz,
Senden daşda wagtym yüzüm gülenok.
Eklediñ,sakladyñ hem-de iydirdiñ,
Hiç bir zat tutmaz munyñ ornuny.
Üşan wagtym yyljak eşik geydirdiñ,
Tapmak isleyarin mydam göwniñi.
Aşgabatda güýz @Define
Ikindi çöküpdir ýan ýodalara
Batbörek deý ýaşlyk uçup gidipdir.
Çalaja aglapdyr uzak aralyk,
Süýji düýşe çümüp ýagyş diňipdir.
Dynç alýar gojaman pikirli şäher,
Ýaňagymdan öpýär ejem begenip.
Gulakda ýaňlanýar şol goşgy, sähel
Sagadam özüçe howlugýar, eňip.
Bu tanyş durmuşym ýene göz gyrpýar
Ellerinde köne günleň depderi.
Çagalyk dürli reňk kagyzlar gyrkýar,
Indi hyýallara çyny serpmeli.
Täk özüňe laýyk eken ömür tüýs,
Bir aýaňa sygyp dursa maksadyň.
Ne gözel bolardy Aşgabatda güýz,
Ýanymda ýylgyryp, senem bolsadyň!
GÜÝZDE GELEN YLHAM. @Azat_33_ashyk
Meniň güýzüm ýene gaýdyp gelipdir.
Men bolsa öz işim bilen başagaý.
Düýnki ýaşyl ýapraklaram solupdyr.
Tänip düşüpdirler olar aşaga,
Sebäp bolan borly düýnki tupan-gaý.
Şol tupan bolmadyk bolanda belki,
Güýzüň geleninem duýmazdym ahmal.
Ýöne bu güýz däldi şol öten ýylky,
Şemalam öňki deý kän mylaýym däl.
Has zaryn ses edýär bu öwsen şemal.
Belkide bu zatlar meň göwnümedir.
Bulutlaram ýagyp bilmän heläkdir.
Ýöne meň kalbymyň gussasy nedir?
Belki gamlanmaga sebäp hem ýokdur?-Diýsemde,ynam ýok,pany pelekdir.
Onda näme üçin meniň kalbym hem,
Aglap bilmän dymýar bulutlar ýaly.
Nämüçin gussaly geldikä ylham?
Entek bir goşgy hem ýazmadym doly.
Wagt ber bir şygyr döreder ýaly...
Azat Nurgeldiýew.
18.09.2015ý.
Ir saralan ýaprak bilen söhbet.@Nowça
Dek düÿünem śemal össe galdyryp
Pudagyñda hemle kakyp otyryñ.
Sàherleriñ čyglaryndan boÿnuña
Bulduradyp monjuk dakyp otyrdyñ
Ho-ol, beÿleki ÿapraklardan saÿlanyp,
Görünerdiñ howlymdaky daragtda
Ÿùregim bir geñsi, tapanok karar,
Didaryñy küÿsemese sagatda
Her gün säher süpùremde howlymy,
Ejem bolup sypalardyñ mañlaÿym...
Wah, ÿüregim gowsundyla ÿerinden ,
Bugün seniñ solanyñy añlaÿyp.
Bu ÿerlere hàli güÿzem gelenok
Neùçin beÿle ir saraldyñ, ÿapragym?!
Neùçin suwun gysgandyka pudagyñ
Kökleriñi suwlap durka topragym?!
Awtory näbelli.
Ýagyş ýagýar şybyr-şybyr. @Nowça
Penjireden bakyan her yan,
Ýagyş ýagýar şybyr - şybyr.
Sen ezizim nira barýañ
Ýagyş yagyar şybyr- şybyr.
Alyp ele sayawanym,
Señ ýanyña barýan, janym.
Ýylgyrşyñ deyin mylayym,
Ýagyş ýagýar şybyr- şybyr
Ak bulutlar goçe goçe,
Barýar bizden ara aça,
Pyşyrdap bize çalaja,
Yagyş yagyar şybyr- şybyr.
Ellerim sypanda ýüzüñ,
Gözleñde eglendi gözim.
Bu na gutrat? Ayt ezizim,
Yagyş yagyar şybyr- şybyr
Awtory nabelli.
1 sagatdan…
@alonso
Bir sagatdan shyñlamasa gulagyñ
Bu dünÿäden ötenligim bilginiñ.
Guramanka mazarymyñ topragy
Iñ bolmanda hoshlahmaga gelginiñ.
Bir sagatdan jyrlamasa telefon
Bu dunÿäden gitmejegme delil ÿok.
Eziz zatlañ bary menden gecipdir
Bu dünÿade mana senden eziz ÿok.
Bir sagatdan senden habar bolmasa
Señ jogabyñ belli sho maña ÿeter
Näme edeyin sensiz ÿagty jahany
Sensizligiñ özi ölümden beter.
Bir sagatdan soñlansa ömür ÿolum
Soñky ÿola ugratmaga gelginiñ
Girmezimden ozal ene topraga
Iñ bolmanda hoshlashmaga gelginiñ.
Bir sagat geçensoñ aglamagyn hiç
Giç bolar bagt deñiñden gecende
Ÿatlamak isleseñ shatlykda ÿatla
Elmydam ÿatlaryn JENNET içinde!
Haýyş…@nowça
Aÿryldy yodalar, aÿryldy dünÿäm
Indi hemiśelik unut sen meni!
Adyñy ÿürekde gizläp ebedi,
Unudaryn, unudaryn men seni
Maña bolan söÿgiñ gar kibi akdy,
Śol söÿgini ödejekdim men, ynan!
Ikimizi bagtly eder Barbie,
Beÿik ÿaśaÿyśa örklenen ynam.
Men saña minnetdar, eÿ beÿik adam!
Söÿgüde gözùmi açanyñ üçin.
Bir haÿyśym, öÿke etme, düśüngin...
Söÿgiñden aramy açanym uçin.
Bu zatlary zordan ÿazÿan, ezizim,
Köp zady ÿazmaga çatmady gurbat
Paÿhas edip bu çykgynsyz ÿagdaÿa,
Mañlaÿymdan ogśap, sen meni ugrat.
Awtory nabelli.
Zaryn-zaryn ýürek sessiz aglaýar. @Medinam
Gitdin tashlap, meni kime goyup,
Soydum seni, dunyani unudyp,
Indi mana durmush yok,diyip,
Zaryn zaryn yurek sessiz aglayar.
Soygulim , umyt oldi, indi sen yok.
Kalbymdaky soygin ody ochenok.
Indi name galdy sensiz many yok,
Zaryn zaryn yurek sessiz aglayar.
Yuregim dowuk, emma seni kuyseya,
Aklym yitdi, dilim soyyan diyip seslenya,
Gitdin bashga dunya, kablym seni chagyrya
Zaryn zaryn yurek sessiz aglaya...
Men ayrlymak islemedim, yyllar ayyrdy.
Yalnyz yuregimi yeke gomdi, bagt
gitdi,
Yuzum gulya, emma gozler allaya,
Zaryn zaryn yurek sessiz aglaya...
awtory : @Medinam
Goşgy.@Gerkez
Gideýin men dünýäňden,
Meni söýüp bilmeseň.
Ýat bolaýyn ömürlik,
Nirdeligmem bilme sen.
Bolýa,
Ýa:zykly däl sen,
Örtenme günäli diýip.
Maňlaýa ýazykly dälsiň,
Nädeýin bilmeseň söýüp.
Indi gözüm sakçy bolmaz,
Seniň geçýän ýollaryňa.
Hem garaşmaz umutlarym
Daşdan salam ýo:llaryňa
Hat ugratmanam keserin,
Kemput berip oňa-muňa
Goý şol sebäp bolubersin,
Meniň sensiz oňmagyma.
Goňşulaňam halas bolar,
Itleriniň üýrmesinden.
Seniň bilen çykýan jigiň,
Dynar süýji iýmesinden.
(Buda bir gynançly waka)
Birje ahmyr galar, emma
Hiç kime etmerin äşgär.
Gijelerne nobat gurýan,
Düýşlemden dynsadym käşgä,
Unudardym, ählisini
Ýat bolardyň meniň üçin,
Ýat bolardym seniň üçin,
Meň ömrüm synsady käşgä...
@Gerkez
Bloknodyma.@mysapyr
Götermäge amatly
Kiçi seniñ göwrümiñ
Şeýle kiçi bolmakda
Nusgasy bol,göwnümiñ
İçiñ dürden dolsa-da
Gabarmady göwrümiñ
Bolgun mydama sada
Nusgasy bol göwnümiñ.
YENE-DE ÖZÜMÇE ÝAZYP BAŞLAÝAN
Eýle ýaz beýle ýaz diýýärler maña,
Hemmesini üns bilen diñleýän,
Jan etsem-de güýjüm ýetenok oña,
Olañ isleýşiçe ýazyp bilmeýän.
Öz-özümden göwnüm geçip,gamlanyp,
Gazap bilen galamymy taşlaýan.
Bular ýatdan çykan güni hiñlenip,
Ýene-de özümçe ýazyp başlaýan.
Aganyýaz Şammyýew.
«Belki men bu dünýä gelmedik bolsam…»@Perwana perwazy
Belki men bu dünýä gelmedik bolsam...
Adamzat bilmezdi men dek ynsany:
Özüni illerden has belent tutýan,
Öwünjeň hem hiç bolmadyk ynsaby
Belki men bu dünýä gelmedik bolsam ...
Maşgalama bolmazdym men alada
Belki agarmazdam saçy enemiň,
Ömrüm ýetmesedi birje daňa-da
Belki men bu dünýä gelmedik bolsam ...
Sen asla girmezdiň meniň dünýäme
Elmydama ýüzüň begençli bordy.
Janym bilmezdiň sen aglamak näme.
Has bagtly bolardy meň söýenlem,
Şol ýagyşly gije gelmedik bolsam
Belki däl. Anyk ajaýyp bordy.
Käşgä men bu dünýä inmedik bolsam.
Nalynmagyň ýerne şükür ederdim
Akylsyz bir samsyk bolmadyk bolsam
Awtory gowniçokgun biri
Dostlarym.@clever girl
Görüň näçe agraslaşdyk dostlarym
Görüň näçe ýeňlesligi ýeňdik biz
Sapasynda döwran sürdük ýazlaryň
Gyşa welin taýýarlykly geldik biz
Her dogan Gün üçin şatlanyp geldik
Her batýan Güne-de gelýäs gamlanyp
Meger söýenmizi ýürekden söýdük
Ýöne käte ýürekdenem aldandyk
Öňkümize göra kän zady syzýas
Syzýas-da dem alýas ynsaba goýup
Şeýdip ömrümiziň düzmesin ýazýas
Dörtlukdir bäşlige tabşyrjak bolup
Şatlyk Hudaýnazarow.
Daşoguz.@jamesbond.
Göbek ganym daman ýeri, mesgenim,
Tanyş maňa her künjegiň Daşoguz.
Meni durmuşyma taplan mekdebim,
Aýdyň ýoluň hem geljegiň Daşoguz.
Gyşyňy gyşladym, ýazladym ýazyň,
Gulaga ýakymly dessanyň, sazyň,
Köneürgenjim ýetdi dünýä owazyň,
Şaýady sen geçmişimiň Daşoguz.
Sende ýatyr Bilal, Ybraýym Edhem,
Üç ýüz altmyş pirler, öwliýalar hem,
Keramat topragyň dertlere melhem,
Türkmene ikinji Käbe Daşoguz.
Atamyň, babamyň maňlaý derleri,
Sendedir baýlygy, altyn-zerleri,
Aşyk Aýdyň piriň gezen ýerleri,
Mekanydyr Andalybyň Daşoguz.
Sendedir dostlarym, işan-pirlerim,
Sende meniň rowaçlanan işlerim,
Sendedir ýaşlykda oýnan ýerlerim,
Sende ýasu-toýlarymyz Daşoguz.
Şöhrat Kerimi
Aygytly pursat. @mugallym gyzy
Aýgytly pursada az galdy dostlar,
Nesip ýene okuw döwri başlanar.
Çagalar şatlanyp okuwa gider,
Eneleň begençden gözi yaşlanar.
Ak mekdepler açar giň gapysyny,
Öňkije ugradan çagalaryna,
Olaram täzeçe umytlar bilen
Oturar öňkije partalarynda.
Talyplaram ugrar, öz okuwyna
Kimsi uzak ülkelere yol alar.
Kimseleri ýurduö dürli künjünden,
Öz okaýan okuw jaýyna geler.
Aý garaz hemme kim taýýarlyklydyr
Bu täze başlayan okuw yylyna.
Goy, hemmesi okap abraý getirsin.
Ata-enesine, eziz iline.
Uçurym!!!
Bu günki şadyýan eý, eziz uçurym.
Ak mekdebe geleniñi ýada sal!
Saña bilim beren mugallymlar dek
Senem mähriban bol, hemem sada bol.
On bir ýyllap öwrenen hem eden işiñ
Bu gün hyýalyñda yene seçip gör.
Onda ýatda galan birnäçe zatlar.
Seniñ göz alnyñda seret uçup ýör.
Birinde uçup yör okan döwürleñ
Birinde uçup yör şat oýnan wagtyñ
Hyýalyñda aýlap bulañ baryny
Diýersiñ hemmesi ine meñ bagtym.
Baryny bakylyk sandygyna salyp
Alyp gidersiñ öz ýanyñ bilen sen.
Kä wagtyñ sandygyñy dökup seredip
Diýersiñ bu olar ynha bu-da men.
Sen bakýansyñ geljege hem geçmişe
Emma mekdep ýyllañ söýýänsiñ heniz.
Indi sen baksaňam geçen ýyllara
Ony yza dolap bolmaýar hergiz....
Lebap topragym.
Lebap topragym keramatly sen
Sende bardyr Seýdi Hojañ yzlary.
Goja Köýtendagym arka bolup dur
Başyndan geçirip kiçi ýazlary.
Ýaşyl haly düşäp bahar çagynda,
Bugdaýlañ maýsalar güniñ çogunda.
Mydam ýañlanyp dur ajap bagyñda
Guşlaryñ jürkürdäp çalýan sazlary.
Daýym seniñ waspyñ dilden goýmaýan
Çünki sen gün-günden parlap gülleýäñ
Sende kemal tapar diýip oýlaýan
Hazaryñ boýunyñ guwa-gazlary.
Şäherde her kişiñ göterler yşky.
Bu ajaýyp mekan göýä şa köşgi
Bu Watan şanyna goşaly-goşgy
Eý, lebap iliniñ oglan-gyzlary.
Obam.
Ýadymdan çykmaz hiç haçan,
Dogduk ýerim, gözel obam.
Sende ýaýnap oýnap güldüm
Dogduk ýerim, gözel obam.
Ýaz gelende garlar erär
Ýollaryñy baglar bürär.
Görseñ kalpda mähir dörär.
Dogduk ýerim, gözel obam.
Señ gujagyñ ýyly maña,
Gitme ýokdur senden ýaña
Dolansamdym ýene saña
Dogduk ýerim, gözel obam.
Ne gözel señ bahar-ýazyñ
Guşlar saýrap çalýar sazyn,
Garşyla sen şahyr gyzyñ
Dogduk ýerim, gözel obam.
Gülki paýlardym.
Eger hat gatnadýan bolan bolsadym.
Hata derek mydam gülki paýlardym.
Gaýgy-gamy bolsa diñeje ýygnap.
Hiç çykmajak bir ýerlere jaýlardym.
Eger men mugallym bolan bolsadym.
Diñe ýylgyryşdan sapak bererdim.
Şeýdip çagalaryñ gülkilerinden.
Men hiç egsilmejek lezzet alardym.
Eger-de men lukman bolan bolsadym
Ruhy çökgünleriñ ruhyn götirdim
Dermanlañ ýerine gülkini alyp
Åhli kişilere deňje ýetirdim.
Emma men bir zady oýlap görýärin
Hat gatnadýan, ýa mugallym, ýa lukman.
Bolmaly däl gülki paýlamak üçin.
Yöne sen şadyýan bolmaly hökman!!!
***
Biz Başkendi söýýäris, Başkent ylymlar öýi.
Otaglary ajaýyp, tämiz hem-de enaýy.
***
Onuñ täsin binasy şähere görk berip dur.
Haçan barsakda bize giñ gujagyn gerip dur.
***
Mugallymlary mährem, mylaýym şirin dilli.
Okadýan talyplary haýrana goýýar ili.
***
Bu ýerde biz dostlaşyp, okaýarys şatlanýas
Hemem köp zat öwrenip, geljege bat alýas.
***
Gözel Başkent hakdaky bu şygrymy soñlaýan.
Bu ujypsyzja goşgym size ýarar añlaýan.
--
Daşary ýurtda okaýan türkmen ýaşlary siz üçin
Uzak ülkelerde arman-yadaman,
Okap bilim alýar türkmen yaşlary.
Olar buysanç bilen diýýär biz türkmen,
Mydama belentde dikdir bashlary.
Ilinden uzakda okaýar olar,
Şonda- da ýurdunyö duýýar çoguny.
Ýatlaýar hemişe öz dogduk öýün,
Şol toprakda oýnap gülen çagyny.
Olary goraýar ähli ýerde-de,
Eziz enelerin gyzgyn söygüsi.
Olaryn hersinin yüreklerinde,
Alow bolup ýanýar Watan duýgusy.
Watanynyn Türkmenistan adyny,
Bütin düný abraý bilen ýaýradýar.
Türkmeninin buysanjyny Tuguny
Al-asmanda, alyslarda parladýar.
Ählisiniň kalplarynda bir arzuw,
Ählisiniö dillerinde bir söz bar.
Diplom bilen ülkesine dolanmak,
Çünki bu pursada hemme intizar.
Watandan uzakda okaýan ýaşlar
Ata-enelerňiz guwansyn size.
Dolanmagy yene mährem Diýara,
Alladan dileýän her biriňize.
Asman
Eý, asman!
Gözel asman!
Sende näçe gudrat bar?
Ýerde umman az ýaly
Depämde hem umman bar.
Saña ýetmek kyn maña
Diñe seni synlaýan
Gündiz gök umman bolsañ
Gije ýyldyz sanaýan.
Ak bulutlar görküñe
Görk goşýandyr ylaýym
Her göremde sen maña.
Ýylgyrýan dek mylaýym.
Güljemile aýdaram
Señ waspyña ýetme ýok.
Ýöne şygrym soñlandy
Aýdara soz tapamok
Meniñ ýakyn dostlarym
Eý galam bilen kagyz!
Size aýtýan sözlerim
Eý, galam bilen kagyz!
Galam meñ dilim bolup
Ähli zady sözleýär.
Kagyz bolsa dost bolup
Oñ sözlerin diñleýär.
Şatlansam-da sizler meñ
Şatlygymy bilýäniz
Gamlansam-da sizler meñ
Gamgynlygym duýýañyz.....
Söýgi näme diýip sora eneden
Diýer balasynyñ mañlaýyn öpüp
"Enäniñ perzende bolan söýgüsi
Buzlary ereder gyzgyn suw sepip"
Söýgi näme diýip sora esgerden
Ol hem jogap berer daşyna bakyp
"Meniñ watanyma bolan päk söýgim
Çölleri gülleder derýa deý akyp"
Söýgi näme diýip sora alymdan
Diýer ol galamyn alyp eline
"Ylma bolan söýgim duýsa şat bilbil
Şirin owaz bordy onun diline"
Söýgi näme diýip sora daýhandan
Diýer gara ýerden galdyryp başyn
"Söýgimi duýsady bu mele toprak
Galdyryp bilmezdi bugdaý hoşasyn"
Söýgi näme diýip sora aşykdan
Ol diýer elini gursagna goýup
"Ýara bolan söýgim çyksa ýürekden
Dünýäni ýyladar Gün deýin çoýup!!!

Benzer belgeler

Men beıik dag bolsadym

Men beıik dag bolsadym Giden öwrülmese bardyr bilýäni. Üç gezek kowalap, bir gaçanlaryň Bary tutup bilmediler dünýäni. El bulanar ýene ýiten dumana Sen bolsa azajyk garaş, Howlukma aglamaga!

Detaylı

Gurbannazar Ezizow, Saýlanan eserler

Gurbannazar Ezizow, Saýlanan eserler Ruhum bedenimi terk eden borly, Eräp salaýmaly boldum çelege.

Detaylı