Çeçotka, jaz, hip-hop Çeçotka tansy

Transkript

Çeçotka, jaz, hip-hop Çeçotka tansy
Çeçotka, jaz, hip-hop
Häzirki zaman Amerikan tansy köp ugurlara bölünen görnüşde ösüpdir. Her diliň
biri-birinden tapawutly bolşy ýaly, tanslaryňam hersi özboluşly, ýöne Roman dil
maşgalasynyň kökleriniň Latyn dilinde bolşy ýaly bu tans stilleriniňem kökleri
birmeňzeşdir. Çeçotka, jaz we hip-hop žanrlarynyň hersi özboluşly, ýöne
hemmesinde esasy üns sazda jemlenýär: ýa-ha saza goşup hereket edilýär, ýada çeçotka tansynda bolşy ýaly sazyň özi döredilýär. Bu üç görnüşde-de,
ýekeme-ýeke esasda bolsa-da ýa çeçotka we hip-hopda giňden ýaýran beýleki
tansçylar bilen ýaryşlar guramak arkaly bolsa-da, adamlary gyzyklandyrmaga
hem üns berilýär. Emma üçüsi hem Amerikanyň medeniýetleri öz içinde eredip,
birleşdirýän aýratynlygyny hereketli, diýseň täsirli, fiziki we düşündiriji tans stilleri
bilen açyp görkezýär.
Bu üç tans stili esasan Afrika asylly Amerikalylar tarapyndan döredilip, olarda
Britan adalaryndan gelenleriň yzlaryny hem görmek bolýar. Hip-hop görnüşi
golaýrakda, 1970-nji ýyllarda döräp başlan bolsa, çeçotka has öň döräpdir, hemde Afrikan-Amerikanlaryň raýat hukuklaryny gazanmak baradaky uzak wagtlap
dowam eden göreşinde olaryň jemgyýetdäki rolunuň üýtgemegi bilen deň ösüpdir
we ahyry 20-nji asyrda jaz tansy ondan bölünip çykypdyr.
Çeçotka tansy
Amerikada 17-nji asyryň ortasyndan başlap, gullaryň ýerine ýetirýän günbatar
Afrika tanslaryndan çeçotka tansy döräp başlapdyr, onda Irlandlaryň ädim tansy
we Iňlisleriň agaç aýakgap bilen oýnalýan tansy ýaly Britan adalaryndan
gelenleriň täsiri hem bar. Bu geografiki sebitleriň ikisiniň täsiriniň hilleri birleşipdir,
Afrikanyň herekete we yzygiderlilige berýän ünsi bilen Britaniýalylaryň ökdelige
we aýagy dogry ulanmaga berýän ünsi birigipdir. Häzirki zaman çeçotka
tansynyň köp görnüşli ýörelgelerinde bu iki sebitiň äşgär aýratynlyklaryny
henizem görmek bolýar.
Çeçotka tansynyň ösüşini belli bir derejede erkin sungata rugsat berlilmänligine
baglap bolar. 1730-njy ýyllarda bolan gullaryň gozgalaňyndan soň ak gul eýeleri
ynkylaby guramagyň guraly diýip hasaplanan depregi ulanmagy gadagan
edipdirler. Şol sebäpli, adamlaryň ugurtapyjylygy we döredijiligi olary göwreleri
bilen, esasanam aýaklary bilen saza goşulýan ýaly hereketleri döretmäge
gönükdiripdir. 18-nji asyryň aýagynda elde ýasalan agaç sahnalaryň üstünde
tans ýaryşlary geçirilipdir, iň kyn we tolgundyryjy hereketleri ýerine ýetirip,
deňagramlylygyny saklan tansçylara baýrak berlipdir.
1800-nji ýyllaryň başyndan ortalaryna çenli gaty meşhur bolan menestrel
görkezişleri Ýewopoid (we soňra Afrikan gelip çykyşly) tansçylary ýüzi gara
örtükli görkezip, garaýagyzlaryň özlerini alyp barşyny tankyt edipdir, emma şol bir
wagtyň özünde-de menestrel syýasaty pese gaçan soň wodewilde özüne
meşhurlyk gazanan Afrika medeniýetiniň elementlerini köpçülige ýaýradypdyr.
Şol döwürde ak tansçylaryň arasynda seýrek garaýagyz ussat bolan Wilýam
Henri Leýn (“Ussat Juba”) menestrel görkezişlerinde çykyş edipdir.
Garaýagyzlaryň medeniýetine hem degişme bilen seredýän we hem hormat
goýýan menestrel, demirgazygy senagat taýdan ösen we iri maýaly,
günortasynda bolsa plantasiýa we gulçulyk ýaýran ýaş ýurduň hereketliligini
görkezýär. Takmynan 1880-nji ýyllarda başlan wodewil möhüm monologlardan
akrobatika we tansa çenli gaty köp dürli oýny özünde jemleýär. Birnäçe teatry
özünde jemleýän toplumlar ýüze çykypdyr, olarda üstünlikli çykyşlar
guramaçylykly esasda turlar hökmünde görkezilipdir.
1900-nji ýyllarda bu tans görnüşi henizem agaç aýakgaply tans, ädim tansy,
çarpaýa galmak-ganat tansy diýlip atlandyrylypdyr. Köplenç ýüz berilmeýän hem
bolsa bu tansyň meşhurlygy ýaýrapdyr. Teatrlar bu tansyň gezip görkezilmegini
gurnapdyr, bu bolsa žanryň ýaýramagyna kömek edipdir. Teatr Eýeleriniň Ýer
Bellediş Bileleşigi (Theater Owners’ Booking Association, TOBA) atly gurama,
garaýagyzlaryň wodewil teatrlaryny we artistlerini bir ulgamda jemläpdir.
Brodweýiň meşhurlygy hem artyp başlapdyr, ýöne çeçotkanyň ýaýramagyna
esasy goşandy goşan wodewil bolupdyr. Gitdigiçe has köp ugra bölünýän bu
tansda tehniki ussatlyk we has köp şahsy başarnyk orun alypdyr.
20-nji asyryň iň giňden tanalýan artistleriniň arasynda Doganlar Nikolas (Harold
we Faýard Tomas) bar, olaryň aýry ugurlara bökmek we sazandalaryň üstündäki
platformalaryň arasynda bökmek ýaly kyn akrobatiki hereketlerine adamlar
demleri tutulyp tomaşa edipdirler. Jübütleýin çykyş edýän tansçylar,
garaýagyzlaryň ýeke özüniň tans etmegini gadagan edýän düzgün sebäpli ýüze
çykypdyrlar. “Buck and Bubbles”, Jon “Bubbles” Sablet we Ford “Buck”
Waşington özleriniň ajaýyp smokingleri we pianino goşup tans etmekleri arkaly
beýlekilerden tapawutlanypdyrlar. Harlem-däki “Hoofers’ Club” klubynda çykyş
edipdirler - ol ýerde resmi däl ýagdaýda tans ýaryşlary geçirilipdir. Bill “Bojangles”
Robinson sypaýy, düşnükli, emaýlyk bilen edilýän hereketleri arkaly tanymal
bolup, onuň merdiwan tanslary özüne mahsus bolupdyr.
1930-njy ýyllarda wodewil pese gaçyp başlanynda, Brodweý we filmler meşhurlyk
gazanyp başlapdyr. Bu bolsa Basbi Berkeli ýalylaryň çykaran köp sanly ösen,
gyzykly önümleriniň köpçüligiň halaýan çykyşlaryna öwrülmegini, tomaşaçylara
has ýakyndan görkezilýän çykyşlaryň bolsa peselmegini aňladypdyr. Şol
döwürde ýüze çykan ýerine ýetirijiler Ann Miller, Reý Bolger, Donald Okonnor, Jin
Kelli, esasanam Fred Asteýr we köplenç onuň bilen bilelikde çykyş eden Jinjer
Rojers häzirem bu žanryň ýatdan çykmajaklarynyň arasynda özüne orun tapýar.
Kelli we Asteýr çeçotkanyň biri-birinden düýbünden tapawutly, kyn tarapyny
şöhlelendirýärler. Kelli bedenini gysyp durýan sport eşiklerini geýipdir we
çeçotkany täze döräp gelýan jaz bilen birleşdiripdir, eglip we ellerini bedenden
uzak tutup tans edipdir. Ol edil ABŞ-ny şahsyýetde şöhlelendirýän ýaly özüni
diýseň ynamly alyp barypdyr. Muny Parižde bir Amerikaly atly epiki reňkli filmdäki
çykyşynda görmek bolýar. Kelliniň hereketlerindäki jaz notalary Brodweýde we
filmde özüne orun tapypdyr. Asteýr bolsa durşuna ajaýyplygy we hormaty özünde
jemläpdir. Köplenç kellesi papakly ýa-da eli hasaly çykyş etmek bilen ol ak we
gara döwürden reňkli döwre aňsatlyk bilen geçen ekran ýyldyzy bolupdyr. Jinjer
Rojers köplenç onuň bilen bilelikde çykyş edipdir. Olar söýgini, degişmäni,
Amerikanyň ertire umytly garaýşyny we koreografiýa taýdan ussatlygy
häsiýetlendiripdirler.
Çeçotka tansynyň meşhurlygy 20-nji asyryň ortalarynda pese gaçypdyr, ýöne
okuw sapaklarynda we festiwallarda onuň tarapdarlary köp bolupdyr. Çeçotka
tansy belli bir derejede ulgamlaşan we onda ulanylýan sözler standartlaşan hem
bolsa, ol ýokary derejedäki indiwidual tans görnüşi bolupdyr we her bir ýerine
ýetiriji bilen yzygiderli ösmegini dowam etdiripdir. Şeýlelik bilen, sungatyň bu
görnüşi Jimmi Slaýd, Çarlz “Honi” Kols we Jon Babls ýalylar tarapyndan dowam
etdirilipdir. Indiki nesilde Daýan Wolker, Brenda Bufalino, Linn Dalli we Jeýn
Goldberg ýaly köp sanly aýallar öňe çykypdyr. Jeýn Goldberg özüniň Aýagyň
sözi atly guramasy arkaly konferensiýalar geçiripdir we bu žanryň däplerini
1980-nji ýyllaryň başlarynda we ondan soňam dowam etdiripdir.
Şondan gysga wagt geçensoň tomaşaçylar Amerikaly çeçotka tansçysy Gregori
Haýnesiň Ak gijeler atly filmde Rus balet ýyldyzy Mihail Barişnikow bilen
ýaryşyna tomaşa etdiler. Olaryň hersiniň tans görnüşleri milletiniň häsiýetlerini
görkezýär diýmek bolar. Haýnes hereketliligi, ökdeligi we ekranda ullakan abraýy
görkezipdir. Ol köp adam tarapyndan şu wagta çenli bolup geçen iň oňat çeçotka
tansçysy hasaplanýan ýaş Sawion Glower bilen Jelliniň soňky çykyşy (1992)
filminde oýnapdyr. Glower sazyň gurluşyna we nokatma-nokat hereketlere üns
beripdir, hem-de klassiki sazam hasaba almak bilen, köp dürli saza gabat gelýän
kyn hereketleri düzüpdir. Ol 1996-njy ýylda Bring in ‘Da Noise, Bring in ‘Da Funk
atly Brodweý şousy bilen iň oňat koreografiýa ugry boýunça Toni baýragyny
gazandy we täze bir nesle ylham berdi.
Festiwallar ABŞ-nyň hemme ýerinde, esasanam Sent Luis, Çikago we Boston
ýaly şäherlerde geçirilýär. 1989-njy ýylda geçirilip başlan Tap Extravaganza milli
çeçotka tansy gününi belleýär we her ýyl ömürlik üstünlik baýragyny gazanan
tansçy saýlanýar. Soňky ýyllarda çeçotka tansçylarynyň köp ugurly täze nesli
ýüze çykdy we olar gitdigiçe has ýokary indiwidual stilistiki yssatlyklygy tapýarlar.
Olaryň arasynda Maks Pollak, Roksan Batterflaý, Tamango, Dormeşiýa SambriEdwards, Mişel Dorrans we Çeçotka yssysy atly gysga filmde çeçotkanyň ýatdan
çykmajaklaryndan biri Artur Danken bilen çykyş eden Jeýson Semuels Smit bar.
[web wersiýasynda “Tap Heat” düwmesine bassaňyz wideony görkezýän
baglanyşyk alarsyňyz, ýöne içinde baglanyşyk bardygyny görkezer ýaly aşagy
çyzylan däldir]
Has giňişleýin gündelik medeniýet nukdaýnazaryndan seredileninde, çeçotka
tansy Brodweýde häzirem yzygiderli dowam edýär, muny ýakynda ýüze çykan
42nd Street we Anything Goes ýaly çykyşlarda hem görmek bolýar. Riverdance
tarapyndan öňbaşçylyk edilen Irland ädim tansy diýseň meşhurlyk gazandy we
ädim tansyny görkezýän teatr çykyşlaryny Brodweýiň daşynda-da görmek bolýar.
Iki görnüşi hem teleýaýlymlardaky tans we zehin ýaryşlarynda kämahal görmek
bolýar. Konsert tans meýdançasynda Linn Dalliniň Jazz Tap Ensemble topary we
“2012 DanceMotion USA” topary ýurduň içinde we halkara arenada bu tansy
ýerine ýetirýär. Bu žanr örän berk koreografiki tanslary we saz bilen ugurdaş
özbaşdak döredilen hereketleri öz içine almak bilen ösýär.
Jaz
Çeçotka, jaz we hip-hop tanslarynyň arasynda tehniki hünär nukdaýnazaryndan
iň giň ýaýran žanr, jazdyr. Bu tans öz adyny jaz sazyndan alşy ýaly, ritme we
herekete güýçli şahsy garaýşa esaslanýar. Jaz tansynyň düýbi çeçotka tansy
bilen birleşýär, çeçotka bolsa Amerika-nyň irki taryhynda deprekleriň ynkylap
guraly hökmünde gadagan edilmegi sebäpli, gullaryň öz göwrelerini we
aýaklaryny saz gurallary ýaly ulanmagy bilen ýüze çykypdyr. Afrika tanslary
Britan adalarynyň tanslary bilen birleşipdir we resmi däl ýaryşlar geçirilipdir. Gaty
seýrek ýagdaýlar bolaýmasa, garaýagyzlaryň çykyş etmegine rugsat berilmändir,
ýöne 19-njy asyryň aýaklarynda menestrel diýilýän güýmenjäniň ýaýramagy bilen
Afrika medeniýetiniň meşhurlygy ösüp başlapdyr.
20-nji asyryň başynda ragtaým, orkestr we iri toparlaryň sazynda orun alan bu
tans, rewýular (Darktown Follies, Ziegfeld Follies), klublar (Hoofers Club, Cotton
Club, Savoy Ballroom) we saz teatry arkaly halk köpçüliginiň pikirine berk
ornaşypdyr. Shuffle Along atly 1921-njy ýylyň rewýusynyň hory şol döwrüň iň
esasy ýyldyzlaryndan birine öwrülen Jozefin Beýkeri öz içine alypdyr. Lindy Hop
(soňra “jitterbug” diýlip atlandyrylypdyr) ýaly jemgyýetçilik tanslary köpçüligiň bu
täze dörän has erkin tansa girmeginiň ýoly bolupdyr, köp adam şu ýol bilen Afrika
medeniýetiniň täsiri astynda galypdyr.
Jaz we çeçotka filmlerde görkezilip, olaryň meşhurlygy Bill “Bojangles” Robinson,
Fred Asteýr we Jinjer Rojers hem-de Jin Kelli ýaly tanymal ýyldyzlar arkaly
ösüpdir. Brodweýde esasan balet we döwrebap tanslaryň koreografiýalarynyň
üstünde işleýän Agnes De Mil, Donald Makkeýl, Jorj Balançin we Jerom Robbins
ýalylar koreografiýa görkezişlerine başlapdyrlar. Jaz tansynyň güýçli yzlary bu
koreograflaryň klassiki balet repertuarynda ýüze çykmagyny dowam etdiripdir, we
muňa mysal edip parallel durşy, elleriň we aýaklaryň eplenmegini görkezmek
bolar.
Robbinsiň West Side Story çykyşy Brodweýde (1957) we ekranda (1961) diýseň
uly üstünlik getiripdir. Ol 10 sany Oskar baýragyny gazanypdyr, hem-de olaryň
arasynda iň oňat kino we Robbins hem Robert Waýza berlen iň oňat režissýor
baýraklary hem bar. Onuň tanslary Nýu Ýork şäher baletiniň 1995-nji ýylda goýan
West Side Story Suite çykyşynda jemlenipdir. Bu çykyş häzirki wagtda hem
görkezilýär. Toparyň repertuarynda Robbinsiň köp sanly baleti bar we olaryň
arasynda 1958-nji ýylda döredilen New York Export: Opus Jazz baletini
görkezmek bolar Ol 2005-nji ýylda täzeden sahnalaşdyryldy. Ol 2010-njy ýylda
filmde hem ýerine ýetirildi, filmiň tanslary Nýu Ýork şäheriniň dürli ýerlerinde
ýerine ýetirilipdir.
Jek Kol özüne mahsus stilde dyzlaryny epip, ellerini sallap we gollaryny
kompasyň ugry boýunça hereket etdirip başarnyklylygy görkezýän tanslary köp
filmde koreografiýa edipdir. Ol bu tansa gerdeniňi dik tutmak we biliňi hereket
etdirmek, şlýapa we hasa ýaly başga-da köp jikme-jikligi goşan Bob Fossi bilen
pikirdeş bolupdyr. Kolyň tansçylarynyň biri, köp sanly filmde surata düşürilen Mett
Mettoks balet synpynyň gurluşyndan soň jaz synpynyň özüne mahsus äheňini
döredipdir, şol stiliň hormatlanýan we täsirli mugallymyna öwrülipdir.
Häzirki zaman tansy, jaz sazynyň has söýgi äheňli sazlary bilen ugurdaş ösüpdir.
Elwin Eýli tanymal mugallym we koreograf Lester Hortonyň elinde okapdyr we
soňra onuň bilen çykyş edipdir, 1958-nji ýylda bolsa öz toparyny döredipdir. Eýli
jazyň has resmi böleklerini balet bilen, Afrika tanslary we döwrebap tanslar bilen
birleşdirip, häzir Revelations diýlip atlandyrylýan we halkara derejede
tanymallyga eýe bolan toparynyň repertuaryny döredipdir.
Şol döwürde jaz studiýalary we jazyň okadylmagy hem ösüp barýardy. Nýu
Ýork-da ýerleşýän Luiji agyr ýol heläkçiligine uçrandan soň, bejerginiň bir bölegi
hökmünde döreden tekiz, yzygiderli hereketleri bilen öz stilini döredipdir. Onuň
stili sahnada özüne berk ýer edinmese-de sapaklaryna köp adam gatnaşypdyr.
Brodweýde Taýms meýdanynyň edil demirgazygynda ýerleşýän Fil Blekiň
studiýasy jaz okuwçylarynyň köp gatnaýan ýeridi. Çikago-ly Gas Jordano jaz
žanrynyň iň güýçli goldawçylaryndan biridi, ol Amerikan jaz tansynyň
antologiýasy-ny ýazypdyr we Jaz tansy dünýäsi konferensiýasyny gurapdyr. Linn
Simonson 1983-nji ýylda Nýu Ýork-da Tans giňişligi merkeziniň düýbüni
tutujylardan biridi. Şol ýerde onuň yzygiderli, okgunly jaz stili meşhur bolupdyr
(bu merkez häzirki wagtda “Dance New Amsterdam” diýlip atlandyrylýar).
Twaýla Tarpyň repertuary şeýle giň we çuň welin, ony synplandyryp hem
bolmaýar, şeýle-de bolsa ol “Judson Church” post-modernleriniň döwründe
özüne tarapdar tapypdyr. Onuň tanslarynyň käbirini ýanbaşyňy gymyldadyp,
islege göra bitnik duruşly we oýunçy üýtgeýän sazly jaz usulynda diýip
düşündirmek bolar. Şeýle hem ol, opera teatrlary üçin iri baletleri, Movin’ Out ýaly
Brodweý mýuziklleri döredipdir.
Lu Konti 1977-nji ýylda Hubbard Street Dance Chicago-ny döredipdir, ol jaz epimi
we güýçli usullary bilen häzirki zaman repertuaryny ýerine ýetirmekde abraýly
güýç bolupdyr. Kontiniň irki koreografiki goşantlaryndan başga-da, häzirki wagtda
bu toparyň repertuarynda halkara derejede öňdebaryjy tansçylar çykyş edýär.
Brodweý häzirki wagtda-da köpüsi koreograf hökmünde-de tans goýýan Linn
Teýlor-Korbet,
Rob Marşal, Grasiela Daniel we Sýuzan Stroman ýalylaryň sazly teatrynyň esasy
merkezi bolmagyny dowam etdirýär. Lar Lubowiç we “2012 DanceMotion USA”
artisti Treý Makintaýr ýaly häzirki zaman koreograflarynyň köpüsi öz
repertuarynda jaz elementlerini ulanýarlar.
Maýkl Jekson çagalygyndan başlap pop ýyldyzydy, ýöne haçan-da “MTV”
teleýaýlymy onuň şekilli aýdymlaryny görkezmäge razylyk bereninde (şondan öň
olar garaýagyz aýdymçylaryň çykyşlaryny görkezenokdylar), bu žanr örboýuna
galdy. Onuň “Beat It”, “Billie Jean”, we “Thriller” ýaly şekilli aýdymlary esasanam
Bob Fossi we beýleki jaz artistlerini ýada salýan tanslarynyň kömegi bilen uly
meşhurlyk gazandy. Soňky wagtlarda tansyň So You Think You Can Dance ýaly
teleýaýlym görkezişlerinde giňden görkezilmegi bilen, “häzirki zaman” tansy jaz
tansynyň täze bir bölegine öwrüldi. Bu tans döwrebap we jaz stilleriniň belli bir
derejede birleşmegi bolup, onda Maýa Maýkls ýaly koreograflaryň goýan liriki,
tehniki taýdan kyn, ýokary bökülýän we köp gezek pyrlanylýan hereketleri we
güýçli duýgylary bar. “Broadway Dance Center” ýaly tans studiýalary bu žanry
öňki bar bolan žanrlar bilen bir hatarda öz sapaklarynyň arasyna goşupdyr.
Brodweý jaz koreograflarynyň merkezi bolup gelipdi, emma ýakynda bu ýerde
beýleki žanrlardanam birnaçe tans goýujylar hem üstünlik gazandy Olardan
ikisini agzasak: 1980-nji ýyllarda post-modern koreograf hökmünde ýüze çykan
Bill T. Jones we oýunçy baleti bilen meşhurlyk gazanan Karol Armiteýj. Bu
artistleriň hemmesi tansy ritmiki saz bilen birleşdirmek arkaly tomaşaçylary
gyzyklandyrmak isleýärler.
Hip-hop
Hip-hop tansy dijeý, emsi, breýk tans we graffiti ýaly dört elementi öz içine alýan
has uly bir herekediň bir şahasy hökmünde ýüze çykypdyr. Ol Bronksda ýüze
çykypdyr, şol ýerde DJ Kul Herk pyrlanýan plastinka we mikser ulanyp
ýazgylardan kesilen bölekleri çykarypdyr we uzak wagtlap gaýtalanýan saz
nusgalaryny döredipdir. Tansçylar bu böleklere laýyk hereketler döredipdirler,
şeýdip, b-oglanlar we b-gyzlar ýüze çykypdyr – bu ýerde “b” harpy breýk diýmegi
aňladýar.
Giňden ýaýran tans oturylyşyklarynda olar ahyry daşary, seýilgählere
çykypdyrlar. Kul Herkiň maslahatlary we sözli habarlary, goşgulary tansçylara we
oturylyşyga gatnaşyjylara rep aýtmaga esas bokupdyr, şeýdibem, özboluşly
äheňi we mowzugy bolan emsiler döräpdir. Aýdymyň sözleri köplenç syýasy
pikirleri we raýat hukuklary hereketlerinden dörän göwnüçökgünligi aňladypdyr.
Soňra aýdymçylar aýdym-saz pudagynda üstünlik gazanmagyň öz
durmuşlarynda ýol açan üýtgeşikliklerini açyp görkezýän rep aýdymlaryny
düzmekde özlerini erkin alyp barypdyrlar.
DJ Afrika Bambaata 1970-nji ýyllarda Nýu Ýorkda, esasanam Bronks etrabynda
jenaýat we bulaşyklygyň köp mahaly ýüze çykyp başlan hip-hop sözüni
berkidipdir. Bronks etraby neşe söwdasy we garakçy toparlary sebäpli edil bir
söweş meýdanyna meňzeýär eken. Emma belli bir derejede kanunsyzlyk
düşünjesi, orta we işewür synpyň etrapdan çykyp gitmegi bolmadyk bolsa, hiphopa öwrülen tohumlar belki hiç haçan gögerip bilmezdi. Bir ýerde durup
bilmeýän, çykyş tapyp bilmedik ýaşlar özlerini jemgyýetçilige düşündirmek üçin
dürli hip-hop žanrlaryndan peýdalanypdyrlar. Zalymlykda görülmegi mümkin
zatlar artistleriň arasynda ýaryşa öwrülipdir, şeýle-de bolsa birehim zalymlyk
aýdym-saz dünýäsinde bar bolmagyny dowam etdiripdir.
Graffiti metro wagonlarynyň üstüne we içine ýazylypdyr, hem-de ýazgy ýazýanlar
kimiň has täsirlidigini görkezmek üçin ýaryşypdyrlar. Olar uzakdan bada-bat
tanap bolýan özlerine mahsus äheň döredipdirler, köplenç iri, tegelek, reňkli şrift
bilen, multfilm şekilleri ýa-da grafikalar bilen ýazypdyrlar. Ol garakçylaryň
köçedäki göreşini görkezipdir, hem-de graffiti hususy eýeçilige zyýan berse-de bu
göreş has az gandöküşikli bolupdyr. Emma belli bir derejede Bronks-daky
Fashion Moda galereýasynyň öňdengörüjiligi bilen graffiti metro wagonlaryndan
galereýa diwarlaryna sungat hökmünde göçýär. Futura 2000, Keit Heýring we
Dondi ýaly ýerine ýetirijiler bu ugurda tanymal ýyldyzlara öwrüldiler. Köçe
söweşleriniň şekiller arkaly görkezilmeginden halkara derejede köp mukdarda pul
bilen söwdasy edilýän sungata öwrülmegindäki bu üýtgeşiklik hip-hopyň iň
meşhur görnüşlerinde, esasanam sazda mese-mälim görünýär.
Dijeýleriň çalýan gaharjaň, gaýtalanýan sazlary b-oglanlaryň we b-gyzlaryň
özleriniň isleglerine görä döreden iň oňat hereketleri bilen mähelläniň ünsüni
çekmäge synanyşýan tans ýaryşlary üçin amatlydy. Bu stil esasan hereket edýän
ýaly görünýän, emma aslynda bir ýerde durulýan, bir tegelegiň çäklerinde
saklanylýan rok usulynda hop tansy bilen başlaýar. Bir ýerde durmaly bolýanlygy,
hip-hop tansçylaryny hereket edýän ýaly görünmek üçin döredijilik zehinini
ulanmaga mejbur edýär. Olar bökmegi we doňmagy, ýalançy ädimler we doňup
durmak ýaly robot hereketlerini goşupdyrlar. Iň irki, tanymal toparlaryň biri
1977-nji ýylda döredilen Rock Steady Crew toparydy.
Tans hereketleriniň arasynda göwräniň aşaky böleginiň hereketleri hem goşulýar,
kämahal oňa aýak hereketleri ýa-da ýere urmak diýilýär, şonda tansçy kellesiniň
üstünde durýar (eline we goluna daýanyp, aýaklary ýokarda) we pyrlanýar.
Kelläni ýere goýup, ýönekeý öwrümler bilen pyrlanyp başlaýar (galam herekedi),
tizligini we öwrümlerini artdyrýar. Tansçylar arkalarynda pyrlanýarlar, başaşak
öwrülen pyşdyllar ýaly arkalarynyň üstünde köp gezek pyrlanýarlar ýa-da aýaklar
bilen howany kesip geçýän ýel degirmeni herekedini edýärler. Çeçotka we
kapora ýaly beýleki žanrlar hem bu tansa öz täsirini ýetiripdir. Kapora Braziliýada
harby sungatdan dörän tans görnüşi bolup, onda ýerine ýetirijiler ellerini we
aýaklaryny deň derejede ulanýarlar, isle aşak-ýokary, isle saga-çepe, tapawudy
ýok. Günbatar kenar ýakasynda bu tansyň popping, stratting we kramping ýaly
özboluşly görnnüşleri ýüze çykypdyr.
Bu tanslary döwrebap tans, balet we çeçotka çykyşlary görkezilýän adaty
teatrlarda görmek köplenç mümkin bolmandyr. Hip-hop tanslarynyň köp
görnüşliligi 1980-nji ýyllaryň başyndan ýüze çykyp başlapdyr. Maýkl Jeksonyň
MTV-däki şekilli aýdymlary arkaly giňden ýaýran stiliesasan jaza esaslanýardy,
ýöne ol beýleki garaýagyz artistleriňem öňüni açdy. Onuň topar tanslarynyň käbiri
häzirki wagtda takyk bilelikde hereket etmeli hip-hop tanslaryny ýerine ýetirýän
toparlaryň käbiriniň döremegine sebäp boldy. Häzirki wagtda festiwallara we
ýaryşlara dünýäniň ähli ýerinden tomaşaçylar gelýär.
Hip-hop tansynyň giňden tomaşa edilýän girdeji maksatly wersiýasy 1990-njy
ýyllaryň öýny we teleýaýlym görkezilişi bolan In Living Color atly şoudy. Bu
görkezişde yzygiderli çykyş edýän “uçýan tansçylar” topary bardy, olar çalt tans
yzygiderliliklerini ýerine ýetirýärdiler, aralarynda Jennifer Lopez ýaly geljegiň
ýyldyzlary hem bardy. Koreografiýa biri-birinden düýbünden tapawutlansa-da,
kämahal jaz we döwrebap tansy öz içine alsa-da çykyşlarda köplenç hip-hop ýaly
kyn fiziki hereketler, aýak hereketleri we bir ýerde durmak ýaly kombinasiýalar
ýerine ýetirilýärdi. Estrada aýdymçylary hem öz konsertlerinde sahnalarda şoňa
meňzeş tanslary görkezip başlaýarlar.
1990-njy ýyllarda köplenç döwrebap tans toparlary bilen ugurdaş toparlar
döräpdir. Pensilwaniýa ştatynyň Filadelfiýa şäherinde 1992-nji ýylda döredilen
Rennie Harris Puremovement, 2012 DanceMotion USA topary teatr sahnasynda
çalt ädimleri we uly atletiki hereketleri ýerine ýetiripdir. Ýakyn ýyllarda Harris
Elwin Eýli Amerikan tans teatryna işe alynýar, hip-hop tansy iň abraýly häzirki
zaman tans repertuarlarynyň birine goşulýar. Ana “Rokafella” Garsiýa esasan
erkekleriň eýeçiliginde bolan bu dünýä aýak basýar, öz çykyşlary arkaly çaltlyk
bilen köp sanly janköýer ýygnaýar: ol ýakynda alty sany breýk tansçy gyz hakda
Gyzlaryň aýdýan zatlary atly filmi surata düşürdi.
1996-njy ýylda döredilen Fransuz topary Compagnie Kafig adaty teatrlarda
hip-hop tansynyň tarapyny tutýar we teatr sahnalarynda dramatiki temada
tanslary ýerine ýetirýär. Bu ugurda özlerini tanadan şahslar hem bar. Nýu Ýork
şäheriniň gyralaryndaky etraplaryň teatrlarynda meşhurlyk gazanan ýerine ýetiriji
artist Denni Hoh hip-hop tansy boýunça teatr festiwallaryny gurnaýar. Bill Şannon
pişek bilen tans edýär, bu bolsa hip-hopa täze bir ugur goşýar. Braziliýadan
özüniň güýçli we ajaýyp önümleri bilen köçäniň batyrgaýlygyny saklaýan
Grupo de Rua bu ugra öz goşandyny goşýar. Teleýaýlymda bolsa America’s
Best Dance Crew hem-de belli bir derejede girdeji gazanmak maksatly bolsa-da
So You Think You Can Dance ýaly ýaryşlary görmek mümkin. B-oglanlar
planetasy filminiň subut edişi ýaly, hip-hop ýer ýüzünde meşhurlyk gazandy.
Hip-hop ähli görkezişlerinde iki düşünjäni döredýär we onuň üstünde gyzgalaňly
jedel dowam edýär. Onuň sazy we sözi özüne çekiji iş bolup, artistleriň köpüsi
materializmiň nyşanyna öwrülen öz üstünliklerine tutulan bir aýna hökmünde
ondan peýdalanýarlar. Hip-hopyň raýat hukuklaryna we Afrika asylly
Amerikanlaryň ýagdaýyna ünsi jemlän başlangyçlaryny häzirem goldaýanlar bar.
Graffitiniň iň ýokary derejä ýeten wagtyndan bäri kän wagt geçdi, ýöne şol ösüş
boýunça käbir hudožnikler diýseň uly peýda gazandy, beýlekiler bolsa tanymal
bolup bilmediler.
Munuň tersine, sazyň we rep sözleriniň pul gazanmak mümkinçiliklerine
garanyňda, hip-hopyň mümkinçilikleri has az bolup galýar. Onuň has arassa
saklanyp galan bolmagy, baýlygyň özi bilen getirýän isleglerinden uzakda duran
görnüşde bolmagy mümkin. Şeýle-de onuň köçeden we klublardan teatra
geçişiniň üstünligi barada henizem jedel dowam edýär. Şeýle-de bolsa ol
henizem adamlaryň arasynda ýerine ýetirilýar: metroda, Taýms meýdanynda,
döran ýerlerindäki ýaly üsti-başy gumly ýerlerde, şeýle hem teatrlarda, ýaryşlarda
we klublarda.
—Sýuzan Ýang
Çeşmeler
Çang, Jeff. Durup bilemok, durjak däl. 2005, St. Martin’s Press, Nýu Ýork
http://www.daveyd.com/historyphysicalgrafittifabel.html
Jordano, Gas (awtor/redaktor), Amerikan jaz tansynyň antologiýasy. 1978, Orion
Publishing House, Evanston, IL.
Malon, Jakui. Steppin’ on the Blues, 1996, Illinois uniwersitetiniň çaphanasy,
Urbana we Çikago.
Sommer, Sally R. “Çeçotka tansy”, Halkara tans ensiklopaediýasy-nda, 6-njy
tom, neşir Selma Jan Kohen. Nýu Ýork: Oxford University çaphanasy, 1998, sah.
95-104.
Stearns, Marşal we Žan. Jaz tansy: Amerikan halk tansynyň taryhy. 1994, Da
Kapo, Nýu Ýork.
Valis Hill, Constance. Çeçotka tansy Amerika: Medeniýetiň taryhy. 2010, Oxford
University çaphanasy, Nýu Ýork

Benzer belgeler

şan köran topary - DanceMotion USA

şan köran topary - DanceMotion USA uniwersitetiniň Debartolo sungat çykyşlary merkezinde 2010-njy ýylda görkezilip başlanan iň täze eseri “Left Exit” (Çepden çykyş) ruhyýeti, imany we dini seljerýär, adamyň ömründäki möhüm bolmak is...

Detaylı