howplumy ia-da howpsuz?

Transkript

howplumy ia-da howpsuz?
IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?
Ýazan: Lukman
Anna, 02 Noýabr 2012 15:00
Dükana baryp şöhlatlaryň, konditer önümleriniň, çipsleriň ýa-da batyrmalaryň daşyndaky
etiketkalary okanymyzda, önümiň düzümine girýän birgiden düşnüksiz sözlere gabat gelýäris.
Olar iýmit önümlerini däl-de, himiki zawodyň önümlerini ýatladýar. "E" belgili garyndy
alyjyny has iňkise goýup, howatyrlanmaga mejbur edýär. Mysal üçin E 412, E 260 we şoňa
meňzeş belgiler. "E" belgiler nämekä we olar şeýle howplumyka?
E harp garyndynyň diňe Ýewropa san ulgamyndaky tertibini aňladýar. Biz üçin adaty önüm
bolan sirke (E 330), askorbin turşulygy (E300), gazlandyrylan içgilerdäki kömürturşy gaz (E290)
hem belgilidir. Bu belgi iýmit garyndynyň nämä niýetlenendigine baglylykda berilýär.
E100-182: reňkler-önümiň reňkini güýçlendirýärler ýa-da onuň hakyky reňkine meňzedýärler,
daşky görnüşini has özüne çekiji görnüşe getirýärler.
E200-299: konserwantlar- önümiň zaýalanmagynyň öňüni alýarlar we saklanyş möhletini
uzaldýarlar.
E300-399: antioksidantlar (okislenme ahwalatynyň öňüni alýan serişdeler)- konserwantlar ýaly
önümiň saklanyş möhletini uzaldýarlar, ýöne olardan tapawutlylykda bakteriýalary ýok etmän,
iýmit önümlerinde olaryň öz-özünden turşamagyny haýalladýarlar.
E400-499: stabilizatorlarlar (sazlaýjylar) we goýaldyjylarönümiň dykyzlygyny we şepbeşikligini
ýokarlandyrýarlar, onuň goýulyk derejesini artdyrýarlar.
E500-599: emulgatorlar—suw bilen ýag ýaly garyşmaýan maddalaryň garyşmagyny gazanyp,
birmeňzeş garyndyny emele getirmäge kömek edýärler. Hut emulgatorlar kökäniň seçelenip
durmagyny we doňdurmanyň digirsiz bolmagyny üpjün edýär.
1/6
IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?
Ýazan: Lukman
Anna, 02 Noýabr 2012 15:00
E600-699: tagamy we ysy güýçlendirijiler.
E900-999: köpürjik bolmagyň öňüni alyjylar, süýjümtik tagam berijiler, ýumşadyjylar, turşulygy
sazlaýjylar we beýlekiler.
Aslynda iýmit garyndylar gerekmikä? Şöhlatyň owadan gyzylymtyl reňkli bolmagy we işbiliň
bir ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda zaýalanman saklanmagy üçin iýmit galyndylarynyň
ulanylmagy zerur. Elbetde, zaýalanan iýmit zerarly zäherlenme, iýmite belli mukdarda goşulýan konserwantlar bilen zäherlenmekden has howpludyr. Şeýle bolsa-da, biziň näme we näçe
iýýändigimizden habarly bolmagymyz hökmandyr.
Belli bolşy ýaly, iýmit garyndylaryna hiç bir iýmit gymmaty bolmadyk we özbaşdak iýmit önümi
hökmünde ulanyp bolmaýan tebigy we sintezirlenen maddalar degişlidir. Olar iýmit
taýarlananda, onuň haýsydyr bir alamatlarynyň gowulandyrylmagy üçin ulanylýar. Duz, şeker,
wanilin, sirke, želatin, soda ýaly garyndylary hiç bir gorkusyz öňden bäri ulanýarys. Häzirki
zaman azyk senagatynda emeli sintezirlenen garyndylar has ýygy-ýygydan ulanylýp başlandy.
Olaryň käbiri biraz mukdarda biziň saglygymyz üçin howpsuzdyr. Emma garyndylaryň
arasynda adam saglygy üçin howplularynyň bardygy subut edildi.
Häzirki wagta çenli Russiýada E 121 (gyzyl sitrus reňkleýji), E 123 (reňkleýji amarant) we E
240 (formaldegid konserwanty) belgili garyndylar gadagan edildi. Bu garyndylaryň üçüsi hem
howply çişleriň döremegine sebäp bolup bilýär. 2005-nji ýylda bu sanawa E 216 we E 217 belgili
konserwantlar, soňra E128 belgili reňkleýji goşuldy. E 173, E924 a, E 924 b belgili garyndylar
hem howply hasaplanylýar.
Ulanylmaga rugsat edilen konserwantlaryň arasynda hem saglygymyz üçin howplulary bar.
Gök önümleri arassalamak üçin ulanylýan E 230, E 231, E 232 belgili konserwantlar fenollardyr.
Fenolyň az mukdary-da onkologik keselleriň döremegine itergi berip bilýär. Köp mukdarda bolsa
ol zähere barabardyr. Bu konserwantlar gök önümler daşalanda, olaryň zaýalanmazlygy üçin
diňe gabyklaryna çalynýar. Ony mylaýym suw bilen ýuwup aýyrmak bolýar. Hut şol sebäpli ähli
gök önümleri, hatda banany hem iýmezden öň, hökman ýuwmalydyr. Çagaly öýde bolsa gök
önümleri satyn alyp gelen badyňyza ýuwmalydyr.
2/6
IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?
Ýazan: Lukman
Anna, 02 Noýabr 2012 15:00
Süýji tagamly gazlandyrylan içgileriň düzüminde benzolyň ýokary derejesiniň bardygyny hem
ene-atalar unutmaly däldir. Benzol- onkologik keselleri döredip biljek howply kanserogendir.
Nähili hem bolsa, ulanylmaga rugsat edilen iýmit garyndylary lukmanlary şübhelendirýär.
E 131, E 132, E160b, E210, E214, E230, E231, E232, E239, E 311-313 belgili konserwantlar
allergiki täsirleri döredip bilýär.
E 102, E 107, E 122-124, E 155, E 211-214, E 221-227 demgysmaly näsaglar üçin
howpludyr.
E 107, E 110, E 122-124, E 155, E 214 aspirine duýgurlygy bolan adamlara zyýan ýetirip
bilýär.
E103, E105, E121, E123, E125, E126, E130, E131, E142 , E152, E153, E210-215, E230-233,
E924a, E924b howply çişleriň döremegine eltip biler.
E127 galkan görnüşli mäziň işiniň bozulmagyna eltýär.
E171-173, E220, E302, E302-322, E510, E518 bagyr we böwrek keselleriniň döremegine eltip
biler.
E338, E407, E450-454, E461-466 iýmit siňdirişi bozup biler.
E233 göwredäki çaganyň ösüşi üçin howpludyr.
3/6
IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?
Ýazan: Lukman
Anna, 02 Noýabr 2012 15:00
E249, E262, E296, E310-312, E320, E514, E620, E621, E623, E626-635 belgili
konserwantlary bäbeklere üçin ulanmak gadagandyr. Kiçi ýaşly çagalar üçin hem ulanmak
maslahat berilmeýär.
E320-321 ganyň düzüminde holesteriniň derejesiniň ýokarlanmagyna täsir edýär.
E220-226 aşgazan-içege ulgamynyň keselleriniň döremegine eltip bilýär.
E102, E104, E110, E122, E124, E129, E211 britan lukmanlarynyň pikirine görä, çagalaryň
gaharjaňlygynyň sebäbi bolup, olaryn nerw ulgamyny aşa oýandyrýarlar we pikiriniň dagnyk
bolmagyna getirýärler.
Gynansak-da, zyýanly we howply garyndylaryň sanawynyň biri-de doly we gutarnykly däl. Her
bir garyndynyň mazaly barlaglardan geçirilýändigine garamazdan, bu maddalaryň adam
bedenine ýetirýän täsirleriniň ählisini göz öňünde tutmak mümkin däl. Täze maglumatlar bolsa
biziň ol ýa-da beýleki garynda bolan garaýşymyzy üýtgedip biler. Howsala düşmegiň hajaty ýok.
Garyndylar diňe aşa köp mukdarda ulanylanda, bedene zyýanly täsir edýärler. Azyk
önümçiliginde adam üçin howpsuz mukdardaky garyndylaryň ýüzden bir böleginiň
ulanylmagyna rugsat edilýär.
Saçagyňyzda zyýanly iýmit garyndylaryň bolmazlygyny isleseňiz, aşa ýiti reňkli, saklanyş
möhleti uzak bolan iýmit önümlrini satyn almaň. Doňdurylan gök önümleriniň deregine ter
miweleri alyň. Gaýtadan işlenilen we konserwirlenen et önümlerini iýmegi çäklendiriň. Dogrusy,
bazardan et alanyňyzda-da, aldanmagyňyz mümkin, sebäbi etiň reňkiniň has ýakymly bolmagy,
uzak wagtyň dowamynda zaýalanman saklanylmagy üçin , hlortetrasiklin antibiotigi ulanýlýar.
Tiz taýýarlanylýan önümleri (pyure, aş we ş.m.), çipsleri, hotdoglary, süýji tagamly
gazlandyrylan içgileri ulanmakdan hem gaça duruň. Olaryň düzüminde iýmit garyndylary aşa
köp bolýar.
4/6
IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?
Ýazan: Lukman
Anna, 02 Noýabr 2012 15:00
Nitratsyz bakja we miwe önümlerini nadip saýlamaly
Biziň tebigy şertlerimiz dükanlarymyzy gök önümleriň we ir-iýmişleriň bol hasyly bilen ýylyň
dowamynda doldurmaga mümkinçilik berýär. Ýöne satyn alýan gök önümlerimiz peýdalymyka?
Olaryň düzüminde miweleriň tiz ýetişmegi üçin ulanylýan nitratlaryň bolmagy mümkin. Şeýle
usul bilen ýetişdirilen gök önümlerdäki witaminleriň mukdary gowrulan ýer almasyndakydan
artyk däldir.
Elbetde, gök önümleriň düzümindäki bar bolan nitratlaryň we pestisidleriň mukdaryny
anyklamak üçin nitrat-testi ulanyp bolar. Bu enjam elýeter bolmasa, onda käbir alamatlara üns
bermek gerek.
Gök önümleriň düzüminde nitratlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamak
Düzüminde köp mukdarda nitratlar bar bolan hyýaryň gabygy goýy ýaşyl reňkli, gabygyndaky
tüýjagazlar bolsa ýiti we gaty bolýar. Hyýaryň daşy ýylmanak bolsa, ol gowy hasaplanylýar.
Hyýaryň miwe sapagynyň töweregi ýumşak bolsa, ol önümiň ter däldiginiň we onda witaminleriň
azdygynyň alamatydyr.
Galyň gabykly pomidoryň düzüminde hem nitratlar köp bolýar. Mundan başga-da, nitratlaryň
köp mukdarynyň bardygyny pomidoryň açyk mämişi reňki hem alamatlandyrýar. Pomidoryň
içindäki we daşyndaky ýiti gyzyl reňkli zolaklar onuň düzüminde örän köp mukdarda
himikatlaryň bardygyny aňladýar. Içi we daşy goýy gyzyl reňkli pomidoryň düzüminde nitratlaryň
mukdary kadaly hasaplanylýar.
Köp nitratly kelemiň ýapraklarynda garamtyl nokatlar we tegmiller bolýar. Olar kömelejiklerdir.
Ýer almanyň gowusyny saýlamak isleseňiz, onuň gabygyna dyrnagyňyz bilen basyp görüň.
Himikatly ýer almanyň gabygy ýumşak bolýar, ol kitirdemeýär. Ýer almanyň gabygynda ýaşyl
tegmiller hem bolmaly däl, sebäbi olar ýer alma nädogry saklananda döreýän zäherli madda
bolan solaniniň alamatydyr.
5/6
IÝMIT GARYNDYLARY: HOWPLUMY ÝA-DA HOWPSUZ?
Ýazan: Lukman
Anna, 02 Noýabr 2012 15:00
Nitratsyz käşiriň daşynda sary we ýaşyl tegmiller bolmaly däldir. Alma saýlanyňyzda bolsa,
onuň gabygy şepbeşik bolmaly däldir. Şeýle almalaryň daşyna difenil çalýarlar. Ony diňe
sabynly suw bilen arassalap bolýar.
Göz çeni bilen radiasiýany kesgitlemek mümkin däl. Satyn alýan önümleriňiziň radiasiýa
şöhleleri bilen şikeslenmedigine doly göz ýetirmek isleseňiz, öý şertlerinde ulanylýan dozimetr
edinmegiňiz hökmandyr. Ol witaminleriň radiasiýa bilen şikeslenenlerini anyklamaga kömek
eder.
Gök önümleri nädip saýlamalydygyny bilseňiz, siz zyýanly önümleriň täsirinden gaça
durarsyňyz we saglygyňyzy gorarsyňyz.
6/6

Benzer belgeler

öpüşmegıň peidasy we zyiany

öpüşmegıň peidasy we zyiany Hyjuwly öpüşmäniň dowamynda adamyň ganyna endorfin gormony aralaşyp, ol agyrysyzlandyryjy serişde ýaly täsir edýär. Uzak posa, gormonal deňagramlylygynyň sazlaşmagy sebäpli hatda gan damarlarynyň k...

Detaylı

ıçege iokançlyklary

ıçege iokançlyklary Saçagyňyzda zyýanly iýmit garyndylaryň bolmazlygyny isleseňiz, aşa ýiti reňkli, saklanyş möhleti  uzak bolan iýmit önümlrini satyn almaň. Doňdurylan gök önümleriniň deregine ter miweleri alyň. Gaýt...

Detaylı

BAP 9 - Saglyk

BAP 9 - Saglyk ýelmeşip, çöküp galan maddalar damar diwarjyklarynyň üýtgedip, galňamalary emele getirýär. Olar bolsa öz gezeginde holesteriniň we mineral maddalaryň has köp mukdarynyň ýelmeşip, çöküp galmagyna se...

Detaylı

REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)

REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW) bir ýyldan hem gowrak wagtyň dowamynda zaýalanman saklanmagy üçin iýmit galyndylarynyň ulanylmagy zerur. Elbetde, zaýalanan iýmit zerarly zäherlenme, iýmite belli mukdarda goşulýan  konserwantlar b...

Detaylı

söýgı hyjuwyny oýandyrýan serışdeler

söýgı hyjuwyny oýandyrýan serışdeler Afrodiziaklar iýmit gymmatlygy bilen tapawutlanýar. Olar witaminlere we mikroelementlere baýlygy bilen beýleki önümlerden tapawutlanýar. Witaminler we mikroelementler bolsa öz gezeginde madda çalşy...

Detaylı

ganazlylyk - Saglyk.info

ganazlylyk - Saglyk.info Ulanylmaga rugsat edilen konserwantlaryň arasynda  hem saglygymyz üçin howplulary  bar. Gök önümleri arassalamak üçin ulanylýan E 230, E 231, E 232 belgili konserwantlar fenollardyr. Fenolyň az muk...

Detaylı