LSAT ıa-da Law School Admission Test (İokary ıuridiki okuw jaılary

Transkript

LSAT ıa-da Law School Admission Test (İokary ıuridiki okuw jaılary
LSAT
LSAT (LAW SCHOOL ADMISSION TEST)
Şu aşakdaky saýtda kredit karta boýunça
onlaýn bellige alyş mümkindir: www.lsac.org
Testiň tölegi: $175
Testleriň senesi
Onlaýn bellige
alyşyň möhleti
28-nji iýun, 2015
04-nji iýun, 2015
04-nji oktýabr, 2015 04-nji sentýabr, 2015
06-nji dekabr, 2015
06-nji noýabr, 2015
28-nji fewral, 2016
29-nji yanwar, 2016
26-nji iýun, 2016
27-nji may, 2016
LSAT näme?
LSAT ýa-da Law School Admission Test (Ýokary ýuridiki okuw jaýlary
üçin giriş test synagy)- Law School Admission Council ýa-da LSAC
(Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryna kabul ediş Geňeşi) tarapyndan
kadalaşdyrylýan standartlaşdyrylan testdir. LSAT munuň özi ABŞ-nyň
ýa-da Kanadanyň Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryna (mekdeplerine we
uniwersitetlerine) girmek üçin zerur bolan giriş test synagydyr.
Ol gazanylan okaýyş we pikir ýöredişiň logikisözleýiş ukyplaryna
baha bermek üçin işlenilip taýýarlanylan testdir. Test, kagyza ýazyp
jogap bermek görnüşinde bütin dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşen
ýöriteleşdirilen merkezlerde ýylda dört gezek (fewral, iýun, oktýabr
we dekabr) geçirilýär.
LSAT test synagy 5 bölümden (soraglara köp görnüşli saýlama
jogaply) ybarat bolup, olaryň her biri 35 minut dowam edip, onuň
umumy dowamlylygy 3 sagat 25 minutdyr.
Ol şu aşakdaky bölümlerden ybaratdyr:
Reading Comprehension (okalana düşünme) bu bölümiň
soraglary Ýokary ýuridiki okuw jaýlarynda ulanylýan tekstleriň
mazmuny boýunça birmeňzeş bolan bölegiň esasy pikirini
kesgitläp bilmek (düşünmek) ukyplaryny ýüze çykarýar.
Analytical Reasoning (analitiki pikirlenme) dürli bölekleriň
seljermesini şol sanda, adam, waka ýa-da goşmaça bölekler
ýa-da bölekleriň arasyndaky aragatnaşyga baglylykda
seljermäni geçirmegi talap edýär.
Logical Reasoning (logiki pikir ýöretme) synag edilýäniň logiki
bilimine, delillendirme ukybyna we deňeşdirme ýörelgelerine
baha berýän soraglary özünde jemleýär.
Experimental part (test synagynyň tejribe bölegi) synag
edilýäniň okan tekstine düşünmegine gönükdirilen oýunlary,
delilleri ýa-da tekstleri özünde jemleýär.
Essay or Writing Sample (düzme ýa-da ýazmaça
delillendirmäniň nusgasy) jemleýji bölüm bolup, LSAC (Ýokary
ýuridiki okuw jaýlaryna kabul ediş Geňeşi) tarapyndan
bahalandyrylman, ýazan hatyňyzyň nusgasynyň göçürmelerini
tabşyrýan ähli ýuridiki okuwlaryňyza iberilýär.
Soragyň görnüşi
Bölüm
Soraglaryň
sany
Wagty
Okaýyş ukyplary
1
27
35 min
Logiki pikir
ýöretme
2
25
35 min
Analitiki pikirlenme
1
24
35 min
Tejribe bölegi
1
Üýtgeýär
35 min
LSAT haty
1
1
30 min
LSAT 120 baldan başlap, 180 balla çenli şkala boýunça
bahalandyrylýar. Siz LSAT netijäňizi testi tabşyranyňyzdan takmynan
üç hepde geçenden soňra elektron salgyňyzda alyp bilersiňiz. Bu
usul LSAT netijäni almagyň iň tiz usuly bolup, goşmaça tölegi talap
etmeýär.
Her bir testden soňra takmynan dört hepde geçenden soňra, LSAC
edarasy test synagynyň netijeleri hakyndaky hasabaty adaty
elektron salgy boýunça iberýär. LSAC. org saýtynda öz akkaunty
bolanlar we Internetde onlaýn işleýiş tertibinde elýeter bolan
akkauntyň gündelik maglumaty bilen kagyz görnüşindäki nusgany
almak isleýänler bellenilen tölegi geçirmelidirler.
LSAT test synagyny tabşyrmak üçin bellige alyşy nähili amala
aşyrmaly?
1. Siz http://www.lsac.org salga gireniňizde açylýan sahypada öz
şahsy akkauntyňyzy döredip, öz şahsy maglumatyňyzy, akademiki
ugruňyz baradaky maglumaty girizip, test tabşyrmak üçin merkezi
hem-de test synagynyň senesini, şol sanda tabşyrmak isleýän
ýuridiki okuwlaryň programmalaryny saýlap bilersiňiz.
2. Öz akkauntyňyzy döredeniňizden soňra, Register for LSAT
düwmesine basyň:
3. Mundan soňra, açylan sahypada siz şu aşakdaky 5 bent boýunça
jogap bermelisiňiz:
Location
Date & Center
Confirmation
Added to Cart
Checkout
4. Tölegiň görnüşi: Onlaýn işleýiş tertibinde bellige alyşda, LSAC şu
aşakdaky kredit kartlary kabul edýär: VISA, MasterCard,
AmericanExpress, DISCOVER.
LSAT-niň bahasy näçe?
LSAT test synagyny tabşyrmak we (bir) tölegsiz netijäni almak üçin
175 ABŞ dollaryny tölemeli. Mundan başga, ýuridiki okuwlaryň
köpüsinde resminamalary tabşyrmak üçin, siziň Maglumatlary
hasaba alyş gullugyna (Credential Assembly Service), 170 ABŞ
dollary möçberindäki tölegi tölemegiňiz zerurdyr. Görkezilen iki sany
baha esasy tölegler bolup, test synagyny tabşyrmak üçin hökmany
tölenilmelidirler. Netijäniň goşmaça hasabaty üçin töleg her bir netije
üçin 12 ABŞ dollaryna barabardyr. Gijä galyp bellige alynanda üçin
goşmaça töleg 66 ABŞ dollaryna barabardyr.
Ýuridiki okuwlara netijeleri nähili ibermeli?
Siz öz netijeleriňizi ibermek üçin, LSAC öz saýlan Ýokary ýuridiki
okuw jaýlaryňyzyň sanawyny bermegiňizde zeryrlyk ýokdur. ABŞdaky Ýokary ýuridiki okuw jaýlary üçin, siziň tabşyrmak isleýän
kesgitli Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryňyz üçin LSDAS hasabatlaryň
sanynyň tölegini tölemek ýeterlikdir. Resminamalaryňyzy
tabşyranyňyzdan soňra, Ýokary ýuridikiokuw jaýlary özleri LSAC-dan
gös-göni siziň netijeleriňiziň (LSDAS) hasabatyny soraýar. Ýokary
ýuridiki okuw jaýlaryna LSAT netijeleriniň gaýtadan hasabatynyň
iberilendigi üçin goşmaça töleg göz öňüne tutulmaýar. Haçanda LSAC
Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryndan talap hatyny alanlarynda, şol
Ýokary ýuridiki okuw jaýy siziň bukjaňyza goşulýar we siziň netijäňiz
belli bolanda degişli hasabaty alýar.
Şu aşakdaky salgy boýunça Ýokary ýuridiki okuw jaýlaryny tapyp
bilersiňiz:
http://www.lsac.org/LSAC.asp?url=lsac/law-school-links.asp
LSAT netijeleri haýsy döwrüň dowamynda hakykydyr?
LSAC test synagyny tabşyranyňyzdan soňra bäş ýylyň dowamynda
siziň netijeleriňizi saklaýarlar. Eger-de siz testi birnäçe gezek
tabşyran bolsaňyz, onda siziň ballaryňyz jemlenilýär we size ortaça
ballyňyz şeýle hem, her test boýunça siziň alan ballaryňyz iberilýär.
Bäş ýyl geçenden soňra, LSAC siziň käbir köne netijeleriňizi ýok
edýär. Mysal üçin, eger-de siz testi 2014-nji ýylyň aprelinde we
dekabrynda tabşyrsaňyz, onda siziň netijeleriňiz diňe 2019-njy ýylyň
aprel we dekabr aýlaryna çenli hakykydyrlar.
LSAT test synagyny näçe gezek tabşyryp bolýar?
Düzgün bolşy ýaly, siz iki ýylyň dowamynda test synagyny üç
gezekden artyk tabşyryp bilmersiňiz. Bu tejribe siz öz ballaryňyzy
ýatyrsaňyzda ýa-da siziň ballaryňyz näbelli sebäplere görä
alynmasada ulanylýar.
LSAT test synagy barada goşmaça maglumaty we taýýarlyk
materiallary Aşgabatdaky Bilim we Maslahat beriş merkezinde we
Maglumat serişdeler merkezinde tapyp bilersiňiz.
Aşgabatdaky Bilim we Maslahat beriş merkezi testi tabşyryjynyň
haýyşy boýunça LSAT test synagyny geçirip biler.
Doly maglumat üçin şu aşakdaky salgylar boýunça ýüz tutup bilersiňiz:
Görogly köçesi, 48/A jaý, Aşgabat ş., Turkmenistan
Tel./Fax: (993) (12) 36-90-16/21/22 (goş.116)
E-poçta: [email protected]

Benzer belgeler