Ruhy Ýolbaşçylyk - kitabi

Transkript

Ruhy Ýolbaşçylyk - kitabi
RUHY
ÝOLBAŞÇYLYK
J. OSWALD SANDERS
Her bir mesihiniň
üstünliginiň esaslary
RUHY ÝOLBAŞÇYLYK
”Ruhy ýolbaşçylyk“ kitaby ýarym milliondan gowrak
tiražda neşir edilip, ýolbaşçylyk düzgünlerini
öwrenmekde nusgawy esere öwrüldi. J. Oswald
Sanders Hudaýyň şu görnükli adamlarynyň
terjimehallaryna salgylanyp, bu düzgünleri beýan
edýär we suratlandyryp görkezýär: Musa, Nehemýa,
Pawlus, Dawut, Liwingston we Çarlz Sperjen.
Mesihiçilik häzirki zaman dünýäsinde güýçli sese
mätäçdir. Beýle sese diňe Hudaý tarapyndan
ýolbaşçylyk edilýän we özlerini Isa Mesihe bagyş
eden güýçli liderler eýedirler. ”Ruhy ýolbaşçylyk“
kitaby size Hudaýyň ygtyýary bilen öz ukyplaryňyzy
we başarnyklaryňyzy görkezmegiňize, şeýle hem
Hudaýyň şöhratyny beýgeltmek üçin ýolbaşçylar
bolmagyňyza kömek eder.
”Ruhy ýolbaşçylyk“ kitabynyň bu neşirine dolulygyna
täzeden seredildi. Munda häzirki zaman dili
ulanylan, şeýle hem, nusgawy kitapdaky düzgünlere
has oňat düşünmäge we durmuşda ulanmaga kömek
etmek maksady bilen işlenip düzülen okuw
gollanmasy goşulan.
Merhum J. Oswald Sanders Daşary ýurt doganlyk
missionerçilik guramasynyň maslahatçy direktory
boldy we halkara wagyzlar gullugyny alyp bardy.
Ol mesihiçilige we Hudaýa eden hyzmatlary üçin
Britan imperiýasynyň ordeni bilen sylaglandy.
Onuň köpsanly kitaplaryna: ”Deňsiz-taýsyz
Mesih“, ”Şeýtan – toslama däl“, ”Hudaýa
ýakynlykdan hoşallyk“ atly kitaplary hem girýär.
TM
RUHY
ÝOLBAŞÇYLYK
J. OSWALD SANDERS
Her bir mesihiniň
üstünliginiň
esaslary
http://kitabi-knigi.com
This book was first published under the title
Spiritual Leadership by Moody Publishers,
820 N. LaSalle Blvd., Chicago, IL 60610 USA
Copyright © 1967, 1980, 1994, 2007
The Moody Bible Institute of Chicago.
Translated by permission.“
Copyright © 2010 for the Turkmen edition.
Translated by permission. All rights reserved.
Spiritual Täzeden işlenilen
iňlis neşirine sözbaşy
O
swald Sandersiň „Ruhy ýolbaşçylyk“ atly kitaby çap bolup
çykan ýigrimi bäş ýylynyň içinde „nusgawy eser“ diýilme hukugyna
mynasyp boldy. Ilki daşary ýurtlardaky missionerçilik jemgyýetinde
okalan leksiýalaryň toplumy bolan (Overseas Missionary
Fellowship) bu kitap ýitiligi üçin we awtoryň gelen çuň paýhasly
netijeleri üçin köp sanly okyjylar tarapyndan mynasyp bolan
bahasyny aldy. Bu neşire doly gaýtadan garamaklyk nämä gerek
bolduka? Biz öz işimizde birinji neşiriň diliniň gitdigiçe awtoryň
ideýalaryna düşünmekligi kynlaşdyrandygyndan ugur aldyk. Eger
häzir adamlara az tanyş bolan salgylanmalar, könelen jümleler we
taryhyň has irki döwrüne degişli bolan nukdaýnazarlar bolmasa,
häzirki zaman okyjysy tekstden has köp zat alyp biler.
Häzirki döwürde ýaşaýan mesihiler üçin Oswald Sandersiň
kitabyny gaýtadan işlemegi özümize maksat edip goýduk. Bu ýerde
gelen netijeleriň we pikirleriň mundan beýläkki ýaýbaňlanmasy
göz öňünde tutulmaýar-da, her sözlemiň düşnükliligini we häzirki
zaman okyjysy üçin ähmiýetliligini öwrenmek bilen eseri täzeçe
etmäge synanyşyk etmeklik göz öňünde tutulýar. Köp sözleriň we
jümleleriň ep — esli üýtgeşmelere duçar bolandygyna garamazdan,
biz awtoryň her bir abzasa salan manysyna wepalylygymyza galdyk.
Käbir takyk üýtgetmeler hakda aýratyn gürrüň edeniňe degýär.
Вirinjiden, hoşhabarçylyk gullugynda ýolbaşçy aýallaryň mydama
soňky roly oýnamandygy baradaky hakykata üns bermän geçmek
bolmaz. Kitabyň birinji neşirinde aýallaryň hem erkekler bilen
deň derejede Hoş Habary ýaýratma işine gatnaşýandygy hakda
hiç zat aýdylmaýar diýen ýaly. Belki, awtor jynslaryň arasynda
hiç hili tapawut goýman, tutuş kitabyň dowamynda, umuman,
adamlary göz öňünde tutandyr. Onuň döwründe hemme adamlary
4
R uhy
ýolbaşçylyk
aňlatmak üçin erkeklere degişli bolan at çalyşmasyny ulanmak giň
ýaýrapdyr. Ýöne bu bary — ýogy çaklama. Her näme-de bolsa, biz
erkekleriň bolşy ýaly, aýallaryňam, mesihilik gullugyndaky roluny
ykrar etmäge çalyşdyk, ýöne awtoryň haýsydyr bir takyk topar
hakda ikuçsuz gürrüň berýän ýerlerinde bu usuly ulanmadyk.
Ikinjiden, tekstiň içine awtoryň salgylanmalaryny getiren
adamlary hakdaky teswirlemeler goşuldy, sebäbi ol adamlar
köplere tanyş däl. Oswald Sanders täzeden döreýşiň işgärleriniň,
wagyzçylaryň, ylahyýetçileriň we köpüsi britan ýygnagyna degişli
bolan missionerleriň aýdan sözlerini salgylanma edip ulanýar.
Mundan başga-da, ol ikinji jahan urşunyň taryhy bilen örän
gyzyklandy, şonuň üçin ol häzir atlary adaty okyja gowy tanyş
bolmazlygy mümkin bolan generallaryň aýdan sözlerini getirýär.
Mümkin boldugyça, bellikler gysgajyk terjimehal maglumatlaryny
özünde saklaýar.
Galyberse-de, iňlis Mukaddes Kitabynyň tekstiniň özi bu kitap
ýazylan wagtyndakysyndan köp babatda üýtgedi. Başga çeşmeleriň
görkezilen ýagdaýlaryndan başga ýerlerde biz Mukaddes Kitabyň
Täze Halkara Terjimesini (NIV) ulandyk.
Bu kitabyň sahypalaryny diňe bir okamak däl-de, eýsem, ony
„eşiden“ ýaly bolmagyňyzam mümkin. Gowy wagyzlarda bolşy
ýaly, awtor öz pikirlerini az gaýtalamaýar; käwagt abzasda esasy
pikirden başga beýleki tema hakda kakdyrylyp aýdylmalaram bar;
edil lektor wagtynyň gutaryp barýanyny birden bilip, pikirlerini
howlukmaç jemlän ýaly, baplaryň garaşylmadyk wagtda gutarýan
ýerlerem az däl. Bu kitabyň ilkibaşda leksiýalar toplumy görnüşinde
bolany sebäpli, biz leksiýa gatnaşan diňleýjiniň duýgusyna meňzeş
duýgynyň bolmagy üçin eserde gürleşikdäki diliň aýratynlygyny
saklamaga çalyşdyk. Awtoryň otuz ýyldan gowrak wagt mundan
ozalky ilkinji diňleýjileri ýaly, okyjynyň onuň ideýalarynyň
gönümelligine we terligine baha berer diýip umyt edýäris.
Birinji iňlis
neşirine sözbaşy
B
u kitap ilki 1964-nji ýylda, soň hem 1966-njy ýylda Singapurdaky
daşary ýurt missionerçilik jemgyýetiniň ýolbaşçylary üçin okalan
leksiýalaryň iki toplumynyň kömegi bilen peýda boldy. Soňrak
materialy doly işlemek we has giň auditoriýa bilen paýlaşmak
teklip edildi. Awtor haýyşy ýerine ýetirmäge razylaşdy.
Gollanmanyň düzgünleri dünýewi ulgamda bolşy ýaly, ruhy
ulgamda-da, Ýazgynyň we meşhur mesihi gullukçylarynyň
terjimehallary bilen berlen we janly beýan edilen. Gürrüňi
edilýän adamlaryň hemmesiniň terjimehallaryny hemme okyjy
tapyp bilmeýär, şonuň üçin awtor öz kitabynda ýolbaşçylykdaky
üstünligi aýratyn ýokary bolan adamlaryň durmuşyndan gabat
gelýän epizodlary ulanmaga çalyşdy. Mümkin bolan her ýerde
getirilen maglumatlaryň çeşmeleri görkezilendir. Mukaddes Kitaba
salgylanmalar hakda aýtsak, awtor her ýagdaýda özüne has takyk
hem ýerlikli bolup görnen terjimäni ulandy.
Маterial has ulanarlykly we ýüreklerinde Mukaddes Ruh işläp,
öz ukybyny hem güýjüni Halasgäriň ygtyýaryna berme yhlasyny
döredýän ýaş mesihilere kömek edip biler ýaly tärde berlendir. Eger
bu kitapda ýokary güýjemäni ýene ýakmaga, eýýäm ýolbaşçylyk
ýolunda bolanlaryň ýüreklerinde täze ýagşy maksady emele
getirmäge kömek edýän näme-de bolsa bir zat tapylsa, onda meniň
maksadyma doly ýetiler.
J. Oswald Sanders.
1 — NJI bap
Hormata mynasyp
dyrjaşma
Ine, bir dogry söz: kim gözegçi bolmaga jan çekýän bolsa,
onda ol oňat işi arzuw edýär.
1 Тimoteos 3:1
Sen özüň üçin beýik Zatlar soraýarsyňmy? Sorama. Ýermeýa 45:5
M
esihileriň köpüsi özlerindäki başgalara ýolbaşçylyk etme, öňde
bolma islegini görkezmeýärler. Olar özlerinden: „Mesihi ýolbaşçy
bolmaga jan edende, ol dogry hereket edýärmi?“ diýip soraýarlar.
Eger adam isleýän wezipesini eýelemän, gaýtam, wezipe özüne
gabat gelýän adamy tapsa, has gowy, şeýle dälmi? Eýsem, başga
taraplaryň hemmesinde kemçiliksiz bolan käbir ýygnak gullukçylary
şöhratparazlygy hem tekepbirligi sebäpli, wezipe synagynyň pidasy
bolup, dogry ýoldan azaşyp, şeýtanyň Mesihi aldajak bolup ulanan
ýoluna düşmedilermi? Şekspiriň gahrymanlarynyň biri, kardinal
Wulsi, meşhur iňlis generaly bilen gürleşende, özünde jedelsiz
hakykaty saklaýan sözleri aýdýar:
Şöhratparazlygy zyň, Kromwel, haýyş edýärin!
Вu günä perişdeleri-de, heläk etdi ahyry.
Ýaradanyň keşbindäki adam nädip,
Munuň ýaly günäde gutulyşa tarap ýol tapyp biler?*
*W. Şekspir. Genrih VIII. 3-nji akt, 2-nji sahna
Dogry, mesihiler özleriniň durmuşynda belli bir isleglerden
we dyrjaşmalardan saplanmaly. Şeýle-de bolsa, käbir durmuşy
8
R uhy
ýolbaşçylyk
dyrjaşmalaryň diňe bir ýol bererlikli bolman, eýsem, doly hormata
hem sylaga mynasypdygyny boýun almak zerurdyr. Babyň
başynda getirilen Mukaddes Kitap aýatlary ilki seredende, bir ýere
sygmajak zatlar hakda gürrüň edýän ýaly görünýär: olaryň birinde
ýolbaşçy bolma islegi goldanylýar, beýlekisinde bolsa, nämedir bir
uly zada tarap ymtylmaklyk ýazgarylýar. Biziň dyrjaşmalarymyz
hem isleglerimiz mesihilik gullugyna peýda getiren, özümize
Hudaý tarapyndan berlen potensialy doly açmaga kömek eden
ýagdaýynda, bu aýatlara üns berip, bu ýerde gapma — garşylygyň
bardygyna ýa ýokdugyna düşüneniň gowudyr.
Bir tarapdan, göwnümize gabat gelmezlik ýaly bolup görünýän
bu zatlar resul Pawlusyň döwründäki ýagdaýyň biziň günlerimizdäki
ýagdaýdan köp zatda tapawutlanýandygy bilen düşündirilýär.
Ýolbaşçy bolmaga dyrjaşmanyň mynasyp dyrjaşmadygy (göni
manysynda: „gowy işdigi“) barada okanymyzda, biz häzirki ýygnak
ýolbaşçylarynyň peýdalanýan hormatyny göz öňüne getirýäris.
Emma bu Pawlus üçin düýbünden başga zady aňlatdy. Şol günlerdäki
mesihilik ýygnagynda ýepiskop bolmaklyk az bolmadyk töwekgelçilik
hem çynlakaý jogapkärçilik bilen baglanyşykly bolupdyr. Ýygnagyň
başynda duran adamlar öz işiniň baýragy hökmünde köp sanly
kynçylyklara, düşünilmezliklere we töwerekdäkileriň ýigrenjine
duçar bolupdyr. Mesihiler yzarlanylan wagtynda hut ýygnaga
ýolbaşçylyk eden adamlar ilkinji pidalar bolupdyr.
Ýygnak ýolbaşçylarynyň şunuň ýaly ýagdaýynda Pawlusyň
tassyklamasynyň ýygnakda hormatly wezipäni eýelemek isleýäni
aklamak üçin ulanylan bolmagy gümanadyr. Adaty galp adamlar
özüni munuň ýaly howply gulluga bagyş etmäge ýürek edip
bilmezdi. Mesihiligiň birinji asyrynyň dowamynda hatda iň çydamly
adamlaram, öz yzy bilen ýygnagy alyp gitmäge ýürek etmekde
goldawa hem ruhlandyrylma mätäç bolupdyr. Şonuň üçin Pawlus
ýepiskoplygyň „gowy işdigini“ aýdýar.
Şuňa meňzeş ýagdaýlar şu günem, käbir ýurtlarda duýulýar. Biz
Hytaýda kommunistleriň mydama mesihilere azar berýändiklerini,
esasy urgyny ýygnak ýolbaşçylarynyň özlerine kabul edýändiklerini
biz bilýäris. Nepalda ýygnaklaryň biriniň ruhy çopanyny adaty
ýygnak agzalaryny goýberenlerinden soň hem, köp ýyllaryň
Hormata mynasyp dyrjaşma 9
dowamynda tussaglykda sakladylar. Häzirki zaman dünýäsiniň
käbir ýurtlarynda ýygnaga ýolbaşçylyk etmeklik — bu yzygiderli
girdejini we gowy iş şertlerini gözleýänleriň işi bolmadyk
ýurtlaram bar.
Pawlus bizi göz öňüne getirip bolaýjak iň wajyp işe — ýygnaga
ýolbaşçylyk etmäge — çagyrýar. Eger biziň isleglerimiz arassa
bolsa, onda bu iş bizi ömürlik, ötüp gitmejek girdeji bilen üpjün
edýär. Resul Pawlusyň döwründe diňe Hudaýa bolan hakyky
söýgi we ýygnaga kömek etmäge çyn ýürekden dyrjaşmaklyk
adamlary ýolbaşçy bolmaklyga ruhlandyryp bilipdir. Ýöne
bu gün köp ýurtlarda, ýygnak ýolbaşçysy wezipesiniň hormat,
material üpjünçilik we birgiden artykmaçlyklar bilen baglanyşykly
bolan ýurtlarynda, öz bähbidi üçin ýokary bolmak isläp,
düýbünden başga maksatlary bolan mesihiler ýolbaşçylyk
wezipesine dyrjaşýarlar.
Ine, Ýermeýa Baruga: „Sen özüň üçin beýik zatlar
soraýarsyňmy? Sorama“ (Ýermeýa 45:5а) diýip, örän ýönekeý hem
parasatly maslahat berýän eken. Pygamber ýokary zada ýetjek
bolup edilýän ymtylyşlaryň hemmesiniň ýazgarylma degişlidigini
aýtmaýar-da, diňe nädogry islegleriň islendik ymtylyşy ýoýup
bilýändigini, özüni tekepbir edýändigini görkezýär: „özüň üçin
beýik zatlar soraýarsyňmy?“ Beýik adam bolma, ýolbaşçylyk
etme islegi — bu günä däl. Siziň ymtylyşlaryňyzyň tebigaty
nämedir bir zada ýetjek bolmaňyzyň sebäpleri bilen kesgitlenilýär.
Isa beýik ymtylyşlary, işiňde üstünlik gazanma islegini hiç haçan
ýazgarmady. Munuň bilen bilelikde Ol nädogry maksatlara
esaslanan ymtylyşlary ýazgardy.
Her bir mesihi ömrüniň dowamynda ýygnakda gullugy iň gowy
usulda alyp barmak üçin özüne Hudaýyň beren ukyplaryny we
sylaglaryny mydama ösdürip durmaga çagyrylandyr. Emma Isa
ymtylyşlary öz şahsy bähbidiňe esaslandyrmaly däldigini bize
öwredýär. Bir gezek ýepiskop, missionerleriň meşhur halypasy
Stiwen Nil ruhy dereje almaga taýýarlanýan ýaş gullukçylar
bilen gürrüň edende: „Şöhratparazlyk mydama diýen ýaly, adaty
adamlary günäniň üstünden alyp barýar diýip hasaplaýaryn. Men,
şeýle hem, şöhratparaz pikirleriň gürrüňsiz günädigine, ruhy
10
R uhy
ýolbaşçylyk
gullukçy üçin düýbünden bagyşlanylmaýan, beýleki islendik günä
garanda, has howply günädigine ynanýaryn“ diýýär1.
Köki Hudaýyň şöhraty we ýygnagyň abadançylygy bolup hyzmat
edýän ymtylyşlar gullukda ägirt uly peýdany berýändir.
“Men — menlik“ latyn dilinden gelip çykyp, adamyň derejede
ýokarlanma ýa-da gullukda öňe süýşme maksady bilen işjeň iş
alyp barmagyny aňladýar. Bu sözüň manysy adamyň hemmelere
görünmelidigini, umumy goldawdan peýdalanmalydygyny,
meşhur bolmalydygyny, töweregindäkileriň arasynda abraýly
bolmalydygyny aňladýar. Şoňa görä-de, şunuň ýaly men — menligi
bar bolan adam material abadançylyk we başgalaryň üstünden
garama bilen baglanyşykly bolan ygtyýara ymtylýar. Isa şunuň
ýaly egoistik men — menlige hiç haçan wagt sarp etmedi. Hakyky
ruhy ýolbaşçy „gullukda öňe süýşmeklige“ dyrjaşmaýar.
Isa Öz şägirtleriniň şöhratparaz ymtylyşlaryna jogap hökmünde
olara ygtyýaryň nämedigi barada täze garaýşy açyp görkezdi:
„Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara
agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär.
Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän
bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. Araňyzda kim ilkinji bolmak
isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun“ (Мarkus 10:42–44) diýdi.
Indiki baplaryň birinde biz Isanyň bu täsin sözleriniň üstünde
jikme — jik durup geçeris.
Her bir ýygnak ýolbaşçysy öz işiniň iň başynda özi üçin ruhy
ýolbaşçylygyň esas bolup durýan düzgünini anyklamalydyr:
hakyky beýiklik, hakyky abraý wadalaryň ýa-da haýbat atmalaryň
kömegi bilen adamlary özüne gulluk etmäge mejbur edýänlere
däl-de, özüni adamlara gulluk etmäge bagyş edýänlere gelýär.
Başgalara hakyky, çyn ýürekden gulluk etmeklik pida talap eýdär.
Köplenç adam aňsat bolmadyk synaglaryň içinden geçmeli bolýar.
Emma hakyky ruhy ýolbaşçyny ýolbaşçy wezipäniň ýa-da ruhy
derejäniň artykmaçlyklary hem kemçilikleri alada goýmaýar-da,
1
Stephen Neill, „Address to Ordinands,“ The Record, 28 March 1947, 161.
Stiwen Nil (1900–1984) Hindistanyň günortasynda missioner bolup işledi,
ondan soň, missiologiýadan ders berdi.
Hormata mynasyp dyrjaşma 11
özüniň Hudaýa we töweregindäki adamlara nähili peýda getirip
biljekdigi köpräk alada goýýar. Biz öz durmuşymyzda başgalardan
almagyň deregine, köpräk bermäge çalyşmalydyrys.
“Gutulyş Goşunynyň“ meşhur wagyzçysy Samýuel Brengl
„Adamzat taryhynda ýekeje täsinlik bar: ahyr netijesinde haýsy
hem bolsa bir şahsyýetiň pikirini, onuň wezipesine we derejesine
üns bermezden, çykarýarlar. Jemleýji baha taryhy adamyň
nähili ady ýa-da derejäni göterendiginiň ýa-da nähili wezipäni
eýeländiginiň jinnek ýalyjagam gyzyklandyrmandygyny görkezýär.
Hasaba diňe onuň eden işleri, häsiýeti, pikirleriniň arassalygy we
kalbynyň hili alynýar“2.
Mesihileri ruhy ösüşinde berkitmeklige niýetlenilen ajaýyp
kitaplaryň ençesiniň awtory D. Gordon: „Eger kimdir biri günleriň
birinde öz ymtylyşlarynyň mydama Hudaýyň öz durmuşy babatdaky
ýazylmagyny berk karar edinse, onuň öňünde Polýar ýyldyzy ebedi
öwşün atar. Ol şol ýyldyzyň yzyna düşüp, her neneň kenarsyz
ýaly bolup görünse-de, islendik deňzi ýüzüp geçer. Onda iň goýy
dumana we iň gazaply harasada tarap ugry dogry görkezýän
kompas bolar, şonuň üçin oňa dogry ugurdan ýöremäge hiç zat
päsgel berip bilmez“.
Meşhur işgär gersog Nikolaý Lýudwig fon Sinsendorf (1700–
1760), diýseň gurply adam bolany, ýokary sosial derejäni eýeläni
üçin öz töweregindäki adamlaryň köpüsi ýaly, şöhratparaz hem
gopbamsy bolup bilerdi. Ýöne ol özüniň men — menlige bolan
garaýşyny: „Mende diňe ýekeje gyzgyn isleg, diňe ýekeje ymtylyş
bar — bu Ol, diňe Ol“ diýip beýan etdi. Şöhratparaz pikirlerini
taşlap, Sinsendorf Çehoslowakiýadaky marowly doganlaryň
ýygnagynyň esaslandyryjysy hem ilkinji ýolbaşçysy boldy. Onuň
şägirtleri özleriniň halypasyndan bu ymtylyşy öwrendiler we ony
bütin dünýä ýaýratdylar. Missionerçilik işi giň gerim almazdan we
guramaçylykly bolmazdan öň, marowly doganlar daşary ýurtlarda
mukdary boýunça özleriniň ýurdundakydan birnäçe esse köp agzasy
2
C. W. Hall, Samuel Logan Brengle (New York: Salvation Army, 1933), 274.
Samýuel Brengl (1860–1939) — XX asyryň başlarynda mukaddesligiň bütin
dünýäde meşhur wagyzçysy.
12
R uhy
ýolbaşçylyk
bolan ýygnaklary esaslandyrdylar. Bu standart hadysa däldir.
Bu örän köp marowly doganlary özleriniň ýurduny terk edip, uzak
ülkelerde missionerler bolandygy sebäpli şeýle boldy.
Biziň, Ybraýymyň çagalarynyň, beýik bolmaga
dyrjaşýanymyz sebäpli,
Оl Özüni kiçeltdi.
Biziň başymyzy egmeýändigimiz sebäpli,
Оl Özüni kiçeltdi.
Başgalara ýolbaşçylyk etmek isleýändigimiz sebäpli,
Оl hyzmat etmäge geldi.
2 — NJI BAP
Ýolbaşçyny tapmak
aňsat däl
Çünki beýgelme ne gündogardan, ne günbatardan, nede çölden gelýändir. Höküm ediji diňe Hudaýdyr: birini
peselder, birini beýgelder. Zebur 75:6–7.
Hemme zatda Rebbe tabyn Adam tapylanynda, Biz oň
bilen gylyçly däl, Doga edip, bütin dünýäni alarys. Jorj Liddell1
Н
аkyky ýolbaşçylar mydama ýetmezçilik edýär. Adamlar hem
toparlar özlerine mydama ýolbaşçy gözleýärler. Hudaýyň hakyky
ýolbaşçylary gözleýändigi baradaky tema tutuş Mukaddes Kitabyň
içinden eriş — argaç bolup geçýär.
„Reb Öz göwnünden turýan birini tapyp, ony Öz halkyna
hökümdar belledi“ (1 Şamuwel 13:14).
„Iýerusalimiň köçelerine aýlanyň, daş-töweregiňizi synlaň,
belläň! Şäher meýdanlarynda agtaryň. Eger adalaty berjaý edip,
hakykaty gözleýän bir adam tapsaňyz, onda Men bu şäheri
(Iýerusalimi) bagyşlaýyn“ (Ýermeýa 5:1).
„… diwary täzeden bejerip…biljek bir adam agtardym…“
(Ezekiýel 22:30).
Mukaddes Kitapda Hudaý adamlara ýolbaşçylyk etmäge ukyply,
başgalar üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýar we olara
1
Genri Jorj Liddl (1811–1898) ýygnagyň ýanyndaky Oksford uniwersitetiniň
dekany wezipesinde işledi, şeýle hem, korollygyň ruhanysy boldy. Lýuis
Kerroll özüniň „Gudratlar ýurdundaky Alisa“ atly kitabyny onuň gyzy Alisa
Liddell üçin ýazdy.
14
R uhy
ýolbaşçylyk
öwretmäge taýýar bolmaga ukyply bolan adamlary tapanda, şol
adamyň gullukda iň peýdaly ulanyljakdygy aýdylýar. Munuň ýaly
adamlar belli bir kemçiliklerden saplanan däldirler, ýöne olar
özleriniň kemçiliklerine garamazdan, ruhy ýolbaşçylar bolýarlar.
Olaryň arasynda Musa, Gedegon, Dawut hem bar. Mesihilik
ýygnagynyň taryhynda Martin Lýuter, Jon Uesli, Adoniram Jadson
we başga-da köpler bar.
Ýygnakda ýolbaşçy bolmak üçin mesihi adaty adamyňka
garanda, güýje we imana köpräk eýe bolmalydyr. Ine, näme üçin
ýolbaşçylara isleg köp, ýolbaşçylyk işine dalaşgärler şeýle az eken.
Ruhy ýolbaşçylyga ýiti zerurlyk nesilden — nesle azalmaýar, bu
gulluk bilen meşgullanma kararyna gelýän az sanly adamlary
bolsa, ýygnak gyzgyn kabul edýär.
„Ýygnakda ýolbaşçylar ýetmezçilik edýär. Men ses eşidermikäm
diýip garaşýaryn, ýöne ses ýok… Meniň gürlänimden diňlänim gowy,
ýöne ýanymda diňlär ýaly adam ýok“ — diýip, iňlis metodistik
wagyzçysy Uilýam Sangster gaýgylanýar2.
Еger biz häzirki zaman dünýäsiniň ýygnagynyň sesini
eşitmegini isleýän bolsak, onda abraýly ýolbaşçylar, ruhy taýdan
kämil we özüni pida etmäge taýýar bolanlar zerur gerek. Abraýyň
bolmagy wajypdyr, sebäbi adamlar nirä barýanyny bilýän, şol
maksada ýetip bolýandygyna ynamly bolan adamlara mätäç.
Ruhy kämillik wajyp, sebäbi Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklar
bolmasa, hatda iň özüne çekiji we iň başarjaň ýolbaşçylaram,
Hudaýyň halkyny öz yzy bilen alyp gidip bilmez. Ahyrsoňy, biz
pida etmeklik hakda gürrüň edýäris, sebäbi Isa Özüni adamlaryň
hemmesi üçin berip, bize görelde görkezdi. Indi bolsa, Ol bizi Öz
yzyna eýermäge çagyrýar.
Ruhy taýdan güýçli bolan, zähmetinde üýtgeşik, adatdan daşary
zatlar duýulýan ýolbaşçylar dolandyranda, ýygnaklar hem mukdar,
hem hil taýdan ösýär. Şonuň ýaly ýolbaşçysy bolmasa, ýygnak
bulaşyga düşýär we gowşaýar. Biziň günlerimizde ýygnagyň
2
Quoted in Paul E. Sangster, Doctor Sangster (London: Epworth, 1962), 109.
Uilýam Sangster (1900–1960) Britan metodistik ýygnagyň ýolbaşçylarynyň
biri boldy.
Ýolbaşçyny tapmak aňsat däl 15
çalaja eşidilýän pyşyrdysy gaty sese öwrüler ýaly edip, çyn
ruhlanma hem Hudaýyň güýji bilen wagyz edýänler örän az.
Häzirki ýolbaşçylaryň esasy wezipesi, eger, hakykatdanam, ruhy
taýdan kämil bolsa, onda — bu ýygnak ýolbaşçylygyny özüniň
ýaş şägirtlerine bermekdir.
Köp ýygnaklar ruhy ýolbaşçy hökman zehinli, akyl taýdan ösen,
şahsy özüne çekijilige eýe bolan, çäksiz güýçden doly bolmaly diýip
hasaplaýarlar. Munuň ýaly häsiýetleriň adama ýolbaşçylyk etmekde
ägirt uly kömek edýändigi gürrüňsiz, ýöne ruhy ýolbaşçyny bu
häsiýetler kesgitlemeýär. Hakyky ýolbaşçy öňde goýlan maksatlara
ýetmek üçin agyr synaglara taýýar bolmalydyr. Bu maksat hem,
juda uly bolup, ondan Hudaýyň islegine doly, gürrüňsiz tabyn
bolmaklyk talap edilip bilner.
Ruhy ýolbaşçylary sinodlar saýlamaýarlar, olary agzalyk
ýygnaklary wezipä bellemeýärler. Olary Hudaýyň Özi saýlap,
gulluga goýýar. Ýöne bir haýsy hem bolsa bir wezipäni alyp,
ruhy ýolbaşçylyk boýunça kurs işini gorap ýa-da özüň üçin bu
gulluk bilen meşgullanma kararyna gelip, ruhy ýolbaşçy bolup
bolmaýar. Her kim ýygnaga ýolbaşçylyk edip bilmeýär, muny diňe,
dogrudanam, ukyply bolan adam ýaramly bolup biler.
Özüni hеmme zatdan öňürti, köp ýyllaryň dowamynda Hudaýyň
Patyşalygyny gözlemeklige tutanýerli bagyş eden adamyň hakyky
mertebeli ýolbaşçy bolýan gezekleri seýrek bolmaýar. Şol adam
ruhy taýdan ýeterlik derejede kämil bolanda, Hudaý onuň üstüne
ýygnagyň ýolbaşçysy roluny ýükleýär, Mukaddes Ruham, onuň üsti
bilen Öz işini amala aşyrýar. Hudaý ýolbaşçylyk etmäge ukyply
bolan adamlary gözleýär, Onuň tapanlaryna bolsa, Mukaddes
Ruhdan dolmaklyk we aýratyn gulluga çagyrylmaklyk garaşýar
(Resullaryň işleri 9:17; 22:21).
Zehinli ýolbaşçy, ömrüniň köp ýylyny Gutulyş Goşunynda
gulluk etmeklige bagyş eden Samýuel Brengl ruhy abraýa we
ýolbaşçylyga tarap barýan ýoly şeýle suratlandyrýar:
Bu gullukda öňe süýşmeklik däldir, oňa diňe çyn ýürekden
gözýaşlar we sustupeslik içinde Hudaýa edilen güýçli doga
bilen ýetip bolýar. Ony günäňi boýun alma, öz kalbyňy jikme
16
R uhy
ýolbaşçylyk
— jik öwrenme we Hudaýyň öňünde kiçelme arkaly alyp
bolýar. Şahsy „men“-den el çekmek, butlaryň hemmesini
ret etmek, üstünde Mesih çüýlenen haçyň öňünde hüňürdisiz
baş egmek we mydama nazaryňy Oňa dikmek zerurdyr.
Eger şahsy bähbidiňe çapýan bolsaň, onda hiç zada ýetip
bilmersiň. Pawlus ýaly, sen artykmaçlyk bolup görünýän
zatlaryň hemmesini Mesihiň hatyrasyna syr — süplük
hasaplamalysyň. Bu az baha däl, ýöne muny sözde däl-de, iş
ýüzünde ýolbaşçy — hyzmaty ykrar edilip, göklere, ýere we
dowzaha täsirini ýetirip bilýän hakyky ýolbaşçy — bolmakçy
bolýan adam tölemelidir3.
Ýolbaşçy bolmaga dyrjaşýan adamlara Hudaý Özüniň hakyky
kuwwatyny görkezmek isleýär (2 Ýyl ýazgylary 16:9). Ýöne ýokarda
gürrüňi edilen bu ýokary bahany hemmeler tölemek islemeýär.
Emma başgaça bolup bilmeýär. Baryp, jemgyýetçilik yglan
etmesinden öň, wezipä başlamazyndan öň, ýolbaşçy öz kalbynyň
jümmüşinde gullugyň hatyrasyna şeýle köp zady pida edip, bu
karary kabul etmelidir. Rebbimiz Ýakup bilen Ýahýa Hudaýyň
Patyşalygynda ýüregi — şol sanda kalbymyzyň hiç kim bilmeýän
gizlin ýerlerindäki gizlin ýerlerem — munuň üçin taýýar bolanlaryň
beýik boljakdygyny düşündirdi. Hudaý biziň ýüreklerimizi derňeýär,
gerek adamlary ýolbaşçylyga çagyrýar. Onuň bu işi bize haýran
galdyryjy usul bilen Hudaýyň beýikligini açýar. Munuň üsti bilen
adam hakyky pes göwünliligi öwrenýär.
Ahyrynda bir duýduryş bermek isleýärin. Eger ýygnakda
abraýdan peýdalanýan adam öz yzy bilen beýlekileri ruhy
belentliklere alyp gitmese, onda ýygnagyň ýoly pese, ruhy taýdan
pese düşmeklige alyp gider. Hiç kim başgalardan doly aýratynlykda
ýaşap bilmez: biz durmuşda mydama bile gidýäris, ýöremeli ugry
bolsa, ýolbaşçy görkezýär.
3
Samuel Logan Brengle, The Soul-Winner’s Secret (London: Salvation Army,
1918), 22.
3 — NJI BAP
Mesihiň beren esasy
ýolbaşçylyk düzgünleri
…Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň
hyzmatkäri bolsun. Araňyzda kim ilkinji bolmak
isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun. Мarkus 10:43–44
Ý
ygnakda başarjaň ýolbaşçylaryň gerekdigini bilip, biz Mukaddes
Kitapda „ýolbaşçy“ sözi ýygy — ýygydan ulanylýandyr diýip
çaklap bileris. Aslynda bu beýle däl. Mukaddes Kitabyň iňlis
terjimesinde (esasan hem, meniň neslimiň ulanan Korol Ýakowyň
warianty göz öňünde tutulýar) „ýolbaşçy“ sözi diňe 6 gezek
ulanylýar. Ýolbaşçylyk roluny ýerine ýetiren adamlara köplenç
„hyzmatkär“ ýa-da „gul“ diýilýär. Hiç ýerde: „Musa Meniň
ýolbaşçym“ diýlip ýazylan däldir, ýöne „Musa Meniň gulum“
diýlen sözleri ýygy — ýygydan okamak bolýar. Bu Isa Mesihiň
taglymatyna doly gabat gelýär1.
Isany „rewolýusioner“ diýip atlandyrmak doly adalatly bolar.
Ol gozgalaňy ýa-da partizançylyk urşuny başlaýjy bolmasada, Onuň ýolbaşçylyk baradaky prinsipleri aňry ýany bilen
rewolýusion prinsipler bolupdy. „Gul“ sözi düzgün bolşy ýaly,
pes sosial statusy, ýigrenji, töweregindäkileriň sylamazlygyny
göz öňünde tutýar. Munuň ýaly perspektiwadan ruhlanjak adam
az-azdyr. Ýöne Isa „gul“, „hyzmatkär“ sözüni ulananda, bu sözler
beýikligi wada berdi. Bu düýbünden adaty bolmadyk, rewolýusion
taglymat bolupdy.
Isa Mesih Hudaýyň Patyşalygynyň her bir adamyň beýlekilere
gulluk edýän jemgyýetidigini öwretdi. Resul Pawlus hem, şol ruhda
1
Paul S. Rees, „The Community Clue,“ Life of Faith, 26 September 1976, 3.
18
R uhy
ýolbaşçylyk
ýazdy: „Biri — biriňize söýgi bilen gulluk ediň“ (Galatýalylar
5:13). Biziň söýgi bilen edýän gullugymyz töweregimizdäki
kömege mätäç bolan dünýä hem ýaýramalydyr. Ýöne ýygnaklaryň
köpüsinde bu ýüki az sanly mesihiler çekýärler.
“Hemmeleri söýýän hyzmatkär“ hökmündäki ýolbaşçy keşbiniň
köplere ýaramajakdygyny Isa gaty gowy bilýärdi. Biz şahsy
mätäçliklerimizi kanagatlandyrmagyň we öz bähbidimizi goramagyň
aladasyny aşa köp edýäris. Ýöne Hudaýyň Patyşalygynda ýolbaşçy
bolmak isleýänleriň hemmesi üçin Onda belli bir talap — „hyzmatkär
bolma“ talaby — bar.
Markusyň Hoş Habarynda biziň ýolbaşçylar baradaky endik
edinen düşünjelerimiziň Isanyň yglan eden taglymatyndan
näderejede tapawutlanýandygy has-da aýdyň görünýär:
„Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar
olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk
edýär. Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly
bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun“
(Мarkus 10:42–43).
Bu taglymat şeýle adatdan daşary hem ünsüňi çekiji
bolupdy welin, hatda Isa Mesihe hemmelerden ýakyn bolan
şägirtleri Ýahýa bilen Ýakubam, özleriniň ejeleriniň kömegi bilen,
beýleki on şägirt özlerine degişli bolan zady almankalar, geljekki
Patyşalykda, özlerini ýolbaşçy wezipe bilen üpjün etmek islediler.
Bu ikisi Isanyň Öz şägirtleriniň tagtda oturyp, Ysraýylyň on
iki taýpasynyň üstünden höküm çykarjakdygy baradaky (Matta
19:28) wadasyna örän çynlakaý garadylar, emma olar ol ýere nädip
düşjekdiklerine nädogry düşündiler.
Isa Özüniň Ýakup bilen Ýahýany gowy görýändigine
garamazdan, derrew olaryň men — menliginiň soňuna çykdy:
„Siz näme dileýäniňizi bilmeýärsiňiz“ — ine, Onuň jogaby nähili
boldy. Şägirtler şöhrata ymtyldylar, ýöne masgaraçylyga däl;
täje ymtyldylar, ýöne haça däl; ýolbaşçylyk roluna ymtyldylar,
ýöne hyzmatkär roluna däl. Bu ýagdaýy Isa ýygnagyň hiç haçan
ýatdan çykarmaly däl bolan, ýolbaşçylyk baradaky iki prinsipini
düşündirmek üçin ulandy.
Mesihiň beren esasy ýolbaşçylyk düzgünleri
19
• Ruhy ýolbaşçylaryň saýlanylmagy. „Ýöne size
sagymda ýa çepimde oturmaga rugsat bermek Meniň
elimde däl. Bu kimler üçin taýynlanan bolsa, şolar
üçindir“ (Мarkus 10:40).
Adatça adamlar başgaça düşünýärler: jemgyýetdäki ýokary
dereje we şöhrat özüni munuň üçin taýýarlanlara we muňa
özüniň janypkeşlikli zähmeti bilen ýetenlere niýetlenendir diýip
hasaplaýarlar. Ýöne bu pikirde biziň ynsanlyk düşünjelerimiz bilen
Isanyň taglymaty düýbünden tapawutlanýar. Hudaý Öz ygtyýary
bilen ýygnakdaky wezipeleri we gulluklary mesihileriň arasynda
paýlaýar. Mukaddes Kitabyň iňlis dilindäki terjimeleriniň birinde
bu şeýle ýazylypdyr: „Bu ýerleri kimiň üçin taýýarlanylan bolsa,
şolara berer“ (The Good News Bible).
Ylahy bilim ýa-da alymlyk derejesi adamyň ruhy ýolbaşçynyň
gullugyny netijeli alyp baryp biljekdigine kepil geçmeýär. Bilim
kiçi roly oýnamaýan bolsa-da, Isanyň Öz şägirtlerine aýdan sözlerine üns beriň: „Siz Meni saýlamadyňyz, Men sizi saýladym …
sizi wezipä belledim“ (Ýahýa15:16). Hudaýyň saýlamasy mesihi
gullukçylarynyň ýüreklerinde adaty bolmadyk ynamy döredýär.
Biz doly hukuk bilen: „Men özümi kimdir biriniň ýa-da adamlaryň
haýsydyr bir toparynyň saýlandygy üçin däl-de, gudratygüýçli
Hudaýyň özümi şu wezipä belländigi üçin bu ýerdedirin“ — diýip
aýdyp bileris.
• Görgi — ruhy ýolbaşçylaryň paýyna düşen zatdyr.
„Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Ýa
Meniň çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?“
(Мarkus 10:38).
Isa göni jogapdan sowlup geçmäge çalyşmaýar ýa-da gazaply
hakykaty ýumşatjak bolmaýar. Ol Öz Patyşalygyndaky gullugyň
bahasyny aýdyň hem düşnükli aýdýar. Bu wezipe ägirt uly hem kyn
bolany üçin özüni oňa bagyş etme kararyna gelenleriň hemmesi
mydama taýýar bolmalydyrlar, ahyryna çenli Rebbiň yzyna
eýermäge teşne bolan ýürege eýe bolmalydyr.
20
R uhy
ýolbaşçylyk
Isanyň beren soragyna şägirtler ýeňilkellelik bilen jogap
berdiler: „Bileris“. Olar, belki, özlerine garaşýan zady nähili
bulaşykly göz öňüne getirendirler! Emma Isa öňde nämäniň
boljakdygyny gaty gowy bilýärdi. Şägirtler, dogrudanam, käseden
içerler we çokundyrylarlar: Ýakup öldüriler, Ýahýa bolsa, ömrüni
sürgünde tamamlar.
Еger şägirtler hemme ýeňillikleri we artykmaçlyklary bolan
ýolbaşçylar bolmagy arzuw eden bolsalar, Isa olary derrew boş
hyýallardan saplady. Beýikligiň başgalara gulluk etmeden gelýäni,
ýolbaşçylygyň bolsa, özüňi gul etmekden gelýäni olar üçin ägirt
uly tolgunma boldy.
Hoş Habarlarda Isanyň Öz şägirtleriniň aýaklaryny ýuwandan
soň, olara görelde bolanyny aýdýan ýekeje mysaly bar (Ýahýa
13:15). Şondan soň Täze Ähtde ýekeje gezek awtor eýermeli
görelde barada agzaýar, bu bolsa Mesihiň görgi çekmek göreldesidir
(1 Petrus 2:21).Başgalara gulluk etme we görgüler Rebbimiziň
durmuşy we taglymaty bilen berk arabaglanyşyklydyr. Olaryň biri
beýlekisi bolmasa bar bolup bilmez. Biziň haýsymyz Rebden beýik
gullukçydygymyzy aýdyp bileris?
Gulluk ruhy
Isanyň gulluk we görgüler baradaky taglymaty diňe gowy
hereketlere çagyrmaklyga niýetlenilen däldir. Isa şägirtlerine
gulluga içki taýdan meýilli bolma düşünjesini bermäge çalyşdy.
Ol bu çyn ýürekden şahsy bagyş edilme duýgusyny Özüniň:
„Men siziň araňyzda bir hyzmat edýän kimindirin“ (Luka 22:27)
diýen sözlerinde beýan etdi. Kimdir biriniň gowy hereketleriniň
aňyrsynda ruhy maksatlar bilen düýbünden baglanyşykly bolmadyk
maksatlaryň bolup bilýändigi bellidir.
Işaýa pygamberiň kitabynyň 42-nji babynda Mesihiň,
Hudaýyň kämil gulunyň, nähili boljakdygy, Onuň nähili maksada
esaslanjakdygy hakda okaýarys. Ysraýyl bu standartlara laýyklykda
ýaşamagy başarmady, emma Mesih bu meselede üstünlik
gazanmaly bolar. Şonuň üçin Onuň durmuşynyň prinsipleri siziň
üçin görelde bolmalydyr.
Mesihiň beren esasy ýolbaşçylyk düzgünleri
21
Hudaýa baglylyk. „Ine, Meniň elinden tutup duran
Oglum“ (Işaýa 42:1а). Bu aýatda gelmeli bolan Mesih hakda
gürrüň edilýär. Isa Özüni Hudaýlyk artykmaçlyklardan mahrum
edip, pygamberligi berjaý etdi: Ol „Özüni kiçeltdi“ (Filipililer
2:7). Оl hudaýlyk tebigatynyň ähli artykmaçlyklaryndan ýüz
öwrüp, Özüniň Gökdäki Atasyna doly bagly boldy. Ol durky
bilen ynsan boldy, ynsanlyk tebigatyny aldy. Munda aklyňy
haýran ediji täsinlik bar: kaýyllyk bilen özümizdäki „men“den ýüz öwrüp, Hudaýa bagly bolanymyzda, Mukaddes Ruh
bizi ulanyp başlaýar.
Hudaýyň halamagy we gulluk etme islegi. „Kalbymyň
halany Meniň Saýlanym“ (Işaýa 42:1b). Hudaý Öz hyzmatkäri
Isadan göwnühoş, şonuň üçin Ony goldady. Bu göwnühoşluk
ikitaraplaýyndy. Köne Ähtiň başga bir parçasynda, Mesihiň
geljekki gelmesi hakda gürrüň berilýän başga bir parçasynda:
„Men Seniň islegiňi berjaý etmekden keýp alýaryn, eý Hudaýym“
(Zebur 40:8) — diýlip ýazylypdyr.
Agraslyk. „Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz, ony köçelerde
eşitdirmez“ (Işaýa 42:2). Hudaýyň hyzmatkäri görnüp ýörmek
islemez, şöhratparaz bolmaz, gaýtam, onuň gullugy kölegede ýaly
geçer, ol özüni agras saklar, kanagatly bolar. Bu ulumsylyga we
ýygnakda bolşy ýaly, imansyzlaryň arasyndaky häzirki zaman köp
işgärleriň boş öwünjeňligine nähili meňzeş dällik!
Şeýtan Isany ybadathananyň üçeginden Özüni ýere oklamaga
yrjak bolanda, Ony hut şu babatda hem, synaga saldy. Şonda
Isa ýere abraý bilen düşende, elbetde, bu Oňa az meşhurlyk
getirmezdi (Мatta 4:5). Emma Isa şöhrata çapmady, şonuň üçin
hem, synaga ýan bermedi.
Isa Öz hyzmatyny şeýle kiçigöwünlilik hem irginsizlik
bilen etdi welin, hatda bu gün köpler Onuň ýaşap geçendigine
şübhelenýärlerem. Şu hereketinde Ol Özünde Hudaýy Işaýanyň
atlandyryşy ýaly görkezdi: „Hakykatdan-da, Özüni gizleýän
Hudaý“ (Işaýa 45:15). Gögüň ýaşaýjylarynyň hemmesi şu
häsiýete eýe bolana meňzeýär. Şol sanda keruplar, perişdeler —
22
R uhy
ýolbaşçylyk
Hudaýyň gullukçylary-da: olar özleriniň alty ganatynyň dördüsini
aýaklaryny hem ýüzüni ýapmak üçin ulanýar. Olar sadaja, gizlin
gulluga kanagatlanýarlar.
Mylaýymlyk. „Ýenjilen gamşy döwmez, tüteýän peltäni
söndürmez“ (Işaýa 42:3). Hudaýyň hyzmatkäri ýalňyşanlara
nebsagyryjylyk, duýgudaşlyk hem düşünme bilen garap bilýär.
Mydama hiç bolmanda ýekeje ýalňyşlyk goýberen adam öz
ýoldaşlarynyň ýazgarmasy astyna düşýär. Emma kämil Hyzmatkär
ejizleri we ýalňyşanlary ýazgarmaýar. Ol ýaralary bejerýär we
çalaja ýanýan ody üfläp, gyzgyn ýalna öwürýär.
Biziň, mesihileriň, köpimiz durmuşy doly weýran bolan birini
görenimizde, şonuň daşyndan aýlanyp geçýäris. Biz işi şowuna
bolmadyklaryň meseleleri, ejizler we hiç zada ukyply bolmadyklar
bilen meşgullanandan, öz zehinimize has mynasyp bolan gullugy
tapanymyzy gowy görýäris. Emma Hudaý ruhdan düşenleri we
ýoluny urduranlary ýokary galdyrmagy we hak ýola getirmegi
ýokary iş hasaplaýar.
Petrus öz Rebbini üç gezek inkär edende, onuň kalbyndaky
otjagaz şeýle gowşak ýanan bolsa gerek. Emma Pentikost
gününde welin, ol gözüňi gamaşdyryjy bolup öwşün atdy:
Hudaýyň kämil Hyzmatkäri betbagtlyk bilen kemsidilmäni iň
ýagty ýalna öwürdi.
Ruhybelentlik. „Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde
adalaty berkidýänçä…“ (Işaýa 42:4). Adamlara ýolbaşçylyk etmek
bilen ruhy peslik düýbünden bir ýere sygyşjak zat däldir. Umyt
hem ruhybelentlik – adamlaryň janlary üçin garaňkylygyň güýçleri
bilen göreş alyp barýan Hudaýyň hyzmatkäri üçin zerur häsiýetdir.
Hudaýyň hakyky hyzmatkäri Onuň işi doly tamamlanýança,
umydy ýitirýän däldir.
Mesh etme. „Ruhumy Oňa berdim“ (Işaýa 42:1b). Bu
häsiýetleriň hemmesi — baglylyk, göwnühoş bolma, agraslyk,
mylaýymlyk we ruhybelentlik — öňde goýlan wezipäni ýerine
ýetirmek üçin entek ýeterlik däldir. Hudaýyň adatdan daşary ak
patasy bolmasa, bu häsiýetler diňe tozandyr. Şonuň üçin Mukaddes
Mesihiň beren esasy ýolbaşçylyk düzgünleri
23
Ruh kämil Hyzmatkärde bolmak üçin aşak indi. „Hudaýyň
Mukaddes Ruh … berip, Nasyraly Isany wezipä bellänini, Onuň
hem aýlanyp, ýagşylyk edip… bilýänsiňiz, çünki Hudaý Onuň
bilendi“ (Resullaryň işleri 10:37–38). Isa Mesihiň gullugy suwda
çokundyrylanyndan soň, üstüne Mukaddes Ruh inende başlandy.
Soň Onuň gullugy bütin dünýäni tolgundyrdy!
Biz özümizi Rebbimizden beýik hasaplaýarysmy? Her ädimde
Mukaddes Ruh bizde işlemese, onda netijeli gullugy alyp
baryp bilerismi? Hudaý bize-de, Isanyň alan mesh edilmesini
teklip edýär. Goý, biziň her birimiz beýik Hyzmatkäriň yzyna
düşmegi öwreneli we özümize Rebbi gitdigiçe çuň açyp
görkezjek Ruhy alaly.
4 — NJI BAP
Ruhy ýolbaşçyny
tapawutlandyrýan häsiýetler
… men siziň ýanyňyza … gelenimde, … sözüm hem wagzym
ynsan akyldarlygynyň ynandyryjy sözlerine däl- de…
Ruhuň we Onuň güýjüniň görkezilmegine.
1 Коrintoslylar 2:1, 4
Ý
olbaşçylyk adamlara täsiriňi ýetirmegi, adamyň başgalara öz
yzyna eýerer ýaly täsir ýetirmegini göz öňünde tutýar. Meşhur
ýolbaşçylar muny mydama bilýärdiler.
Bernard Montgomeri, tanymal general, ýolbaşçylyk hakda şeýle
diýdi: „Ýolbaşçylyk — bu adamlary bir maksada ýetirmek üçin
jebisleşdirme ukybydyr we islegidir. Ýolbaşçynyň häsiýeti ynama
mynasyp bolmalydyr“1. Şonuň ýaly ýolbaşçynyň ajaýyp göreldesi
ikinji jahan urşy wagtynda Beýik Britaniýanyň premýer ministri
bolan Uinston Çerçill bolupdy.
1
Bernard L. Montgomery, Memoirs of Field-Marshal Montgomery (Cleveland:
World, 1958), 70. Bernard Montgomeri (1887–1976) ikinji jahan urşunyň
taryhynda Demirgazyk Afrikadaky El — Alemeýnonyň eteginde 1942-nji
ýylyň oktýabrynda duşmanyň üstünden aýgytly ýeňiş gazanan soýuzdaşlaryň
tarapynda bolan ilkinji general hökmünde ýazylypdyr. Şol ýylyň noýabrynda ol
rysarlyk derejesine mynasyp bolupdyr. Çester Nimitsiň (1885–1966) sözlerini
awtor salgylanmasyz ulanýar. Nimits ikinji jahan urşy wagtynda, ABŞ-nyň
Ýuwaşokean flotunda ýolbaşçylyk edýär. Çarlz Gordonyň sözlerini hem, awtor
salgylanmasyz ulanýar. Gordon özboluşly häsiýetli, ýöne XIX asyryň 60-njy
ýyllarynda Hytaýda meşhur harby britan komandiri bolupdyr (munuň üçin
ol „hytaýly Gordon“ lakamyny alypdyr). Ol Afrikada-da komandir bolupdyr.
Ol bu ýerde sudanly dini lider Mahdiniň ýolbaşçylygy astyndaky ägirt uly
goşunyň hüjümini saklajak bolanda, Hartumyň eteginde wepat bolýar.
Ruhy ýolbaşçyny tapawutlandyrýan häsiýetler 25
Аdmiral Nimits şeýle diýipdir: „Ýolbaşçylygy ýolbaşçynyň gol
astyndakylarda çäksiz ynam, öz nukdaýnazaryny kabul etme hemde buýruklaryny ýerine ýetirme islegini oýaryp bilme häsiýeti bilen
kesgitläp bolar“.
Bir gezek general Çarlz Gordon Li Hun Şan atly hytaý
ýolbaşçysyna: „Ýolbaşçylyk näme? Adamzady nähili toparlara
bölmek bolar?“ diýip sorag berdi.
Li Hun: „Adamlaryň hemmesini üç görnüşiň birine — ýerinden
gozgamak mümkin bolmadyklaryň; ýerinden gozgap bolýanlaryň,
özleri adamlary herekete getirip bilýänleriň görnüşine — degişli
edip bolar“ — diýip jogap berdi.
Jon R. Mott, talyplar gurnaklarynyň bütin dünýä meşhur bolan
ýolbaşçysy, „ýolbaşçynyň öňe süýşmäge we yzy bilen beýlekileri
alyp gitmäge ukyply bolan adamdygyna“2 ynanýardy.
P. T. Çandapilla, Hindistandaky ýaşlar toparynyň ýolbaşçysy,
mesihilik ýolbaşçylygyna özünde gulluk, ýagny Hudaýyň Öz
halky bilen alyp barýan gullugy, bilen sazlaşykdaky ynsanlyk hem
hudaýlyk häsiýetlerini birikdirýän ýokardan çagyrlyş hökmünde
kesgitleme berýär.3
1945–1953-nji ýyllarda ABŞ-nyň prezidenti wezipesini eýelän
Garri S. Trumen: „Ýolbaşçy — bu başgalary etmek islemeýän
2
3
Lettie B. Cowman, Charles E. Cowman (Los Angeles: Oriental Mis­sionary
Society, 1928), 251. Jon R1 Mott (1865–1955)—metodistik hoşhabarçy —
wagyzçy, Bütindünýä mesihi talyplar federasiýasynyň prezidenti, amerikan
mesihi ýaşlar assosiasiýasynyň ýolbaşçysy. Onuň iň tanymal işi „Evangelising
the World in Our Generation“ („Öz neslimiň dünýäsine Hoş Habary wagyz
edip“) atly işidir, 1900. Kitabyň ady hem, oňa şygar bolup hyzmat etdi, şonuň
arkasyndan ol giň meşhurlyk gazandy. Jon Mott Ýygnaklaryň Bütindünýä
Sowetini esaslandyrdy
.P. T. Çandapilla—1956–1971-nji ýyllarda Hindistanyň Talyplarynyň Hoşhabarçylyk
Sowetiniň general kätibi. Onuň maksady hindi intelligensiýasyna Hoş habary
ýetirmekdi. Hadson Teýloryň göreldesine eýerip, Çandapilla maliýe goldawdan
ýüz öwürdi. Ol Ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky Jemgyýet (Inter-Varsity
Fellowship) we protestant talyplaryň Halkara jemgyýeti (The International
Fellowship of Evangelical Students) bilen berk hyzmatdaşlykda boldy.
26
R uhy
ýolbaşçylyk
zadyny höwes bilen etmäge mejbur edip bilýän adamdyr“ — diýip,
esassyz aýtmandyr.
Ruhy ýolbaşçy özünde tebigy hem ruhy häsiýetleri
utgaşdyrýandyr. Şol bir wagtyň özünde-de, hatda tebigy, adaty
häsiýetlerem, adatdan daşary sylag bolup durýandyr, sebäbi
gowy zatlaryň hemmesi Hudaýdan gelýändir. Mysal edip,
özbaşdaklygy alalyň. Montgomeri: „Adamyň başgalara
täsirini ýetirme derejesi onuň özbaşdaklygyna, ukyply bolan
iň uly zadyna, içinde ýanýan ýalnyň gyzgynyna, adamlaryň
ýüreklerini özüne çekýän özüne çekijiligine baglydyr“4 — diýip
ýazypdyr. Hudaýa gulluk etmekde we Onuň şöhraty üçin
ulanylanda, ruhy häsiýetler ýaly, tebigy häsiýetlerem, ajaýyp
netijä alyp baryp biler.
Ýöne ruhy ýolbaşçylyk güýji boýunça şahsy täsirden we
tebigy sylaglaryň hemmesinden ýokarydyr. Ruhy ýolbaşçynyň
başgalara täsirini ýetirip bilýändiginiň sebäbi, onuň Mukaddes
Ruh tarapyndan nurlandygyndadyr, ýiteldilendigindedir we
ýolbaşçylyk edilmegindedir. Adam öz durmuşyny Mukaddes Ruha
doly tabyn edende, Ruhuň güýji onda bolup, onuň üsti bilen
töweregindäkilere akýar.
Ruhy ýolbaşçydan adaty bolmadyk ruhy güýç talap edilýär.
Onuň özi bu güýji özünde oýaryp bilmeýär. „Öz — özüni şeýle
eden“ ruhy ýolbaşçy hiç haçan bolmandy, bolmazam. Hakyky
ýolbaşçy diňe Mukaddes Ruhuň özünde we ýolbaşçylyk edýän
adamlaryna garanda, öz üsti bilen köpräk edýän işiniň kömegi bilen
başgalara ruhy täsiri ýetirip bilýär.
Biz başgalary diňe öz geçen ýolumyzdan alyp gidip bileris. Nirä
gitmelidigini ýöne bir görkezäýmek ýeterlik däldir. Eger özümiz
durýan bolsak, onda hiç kim biziň yzymyz bilen gitmez we hiç
kimi hiç ýere alyp baryp bilmeris.
Missiýalaryň ýolbaşçylarynyň Hytaýda bolan uly gurultaýynda
ýolbaşçylyk hem ýolbaşçylara bildirilýän talaplar hakda gürrüň
edildi. Bu gürrüň örän göçgünli häsiýete eýe boldy, ýöne bütin
çekeleşigiň dowamynda ýekeje adam diňe dymyp oturyp
4
Montgomery, p. 70.
Ruhy ýolbaşçyny tapawutlandyrýan häsiýetler 27
diňledi. Ahyrsoňy başlyk ondan öz pikirini aýtmagyny sorady.
Gatnaşýanlaryň hemmesi ümsüm bolup, D. E. Houstyň,
Hytaýyň Içki Missiýasynyň general direktorynyň, aýtjak
zadyny diňlemäge taýýarlandylar.
Houst: „Meniň pikirimçe, ýolbaşçynyň ýolbaşçylyga
ýaramlylygynyň iň gowy barlagy onuň yzyna hiç bolmanda
bir adamyň düşýän — düşmeýänini bilmekdir“5 diýende, onuň
gözleri uçganaklady.
Ýolbaşçy bolup dogulýarlarmy ýa-da bolýarlarmy?
Bu soraga jogap bermek mümkinmi? Elbetde, bularyň ikisem
dogry. Bir tarapdan ýolbaşçyda gönüden — göni Hudaýdan
alnan syrly hem adatdan daşary häsiýetler bar. Başga bir
tarapdan, ýolbaşçy häsiýetine köp adamlar eýe bolýar, şonuň
üçin olary ösdürmek hem kämilleşdirmek gerek. Köplenç
nähilidir bir betbagtçylyk bolýança, häsiýetimiziň käbir taraplary
içimizde irkilip durýar.
Käbirleri ýagdaýlaryň jemi boýunça ýolbaşçy bolýarlar.
Nähilidir bir özgerişlik bolýar-da, ýolbaşçy zerur gerek bolýar.
Şonda eger gabat gelýän biri öňe çykmasa, onda oňaýly
pursatda özüni öňe sürýän adam ýolbaşçy bolar. Ýöne, adatça,
soňy bilen saýlawyň tötänden edilmändigi, onuň töweregindäkiler
üçin dowamly, göze görünmeýän taýýarlygyň netijesi bolandygy,
şol taýýarlygyň arkasyndan hem, şol adamyň bu wezipä
ýaramly bolandygy aýan bolýar. Ýusubyň taryhy muňa ajaýyp
mysal bolup gulluk edýär. Ol adamlaryň köpüsiniň „ykbalyň
gülüp bakmagy“ diýip atlandyrýan ýagdaýynyň kömegi bilen
Müsürde fyrowndan soňky ikinji adam, döwletiň premýer
ministri wezipesine deň wezipede, boldy. Aslynda onuň üstünligi
Hudaýyň ýolbaşçylygy astyndaky on üç ýyllyk gazaply, irniksiz
taýýarlygyň netijesi bolupdy.
Adaty ýolbaşçy bilen ruhy ýolbaşçyny deňeşdirende, olaryň
näderejede tapawutlanýanyny görmek bolýar.
5
Phyllis Thompson, D. E. Hoste (London: China Inland Mission, n.d.), 122.
28
R uhy
Adaty
Ruhy
ýolbaşçylyk
Özüne göwni ýetýän
Hudaýa bil baglaýar
Adamlary tanaýar we olaryň ugruny
tapyp bilýär
Hudaýy tanaýar
Karara özi gelýär
Hudaýyň islegini gözleýär
Men — menlik bilen
hereket edýär
Kiçigöwünli
Her hili usullary döredýär
Hudaýyň göreldesine eýerýär
Buýruk bermegi
gowy görýär
Hudaýa şatlyk bilen
tabyn bolýar
Şahsy bähbide çapýar
Hudaýy we ýakynlaryny
söýýär
Garaşsyz
Hudaýa garaşly
Kimde adamlara ýolbaşçylyk etmek üçin gerek bolan ukyplar
düýbünden ýok bolsa, ony haýsydyr bir wezipä bellän pursatlarynyň
özünde beýik ýolbaşçy bolmaz. Şeýle-de bolsa, käwagt
Mukaddes Ruhuň adamda şu wagta çenli asla ýüze çykmadyk
häsiýetleri oýandyryp bilýändigini ýygnagyň taryhy görkezýär.
Şunuň ýaly bolan wagtynda, ýolbaşçy peýda bolýar. E. U. Tozer
şeýle ýazypdyr:
Ýolbaşçylyk etme islegi bolmadyk, ýöne içden Mukaddes
Ruhuň hereketi bilen daşky ýagdaýlaryň basyşynyň ýolbaşçy
bolmaga mejbur eden adamy hakyky hem ygtybarly
ýolbaşçy bolup biler… Resul Pawlusdan başlap, biziň
günlerimize çenli-de, Mukaddes Ruh tarapyndan
herekete getirilmedik we özüniň etmäge ýürek edip
bilmejek wezipesini ýerine ýetirmeklige Hudaý tarapyndan
goýulmadyk ýekeje hakyky ýolbaşçynyň bolandygy
gümanadyr… Ýolbaşçylyk etmäge dyrjaşýan adam ýolbaşçy
bolmaga gabat gelmeýär. Hakyky ýolbaşçyda Hudaýyň
ýaradanlarynyň üstünden höküm sürmäge ymtylyşy
bolmaly däldir: ol kiçigöwünli, kaýyl, salykatly, başgalar
Ruhy ýolbaşçyny tapawutlandyrýan häsiýetler 29
üçin özüni pida etmegi başarýan adam bolmalydyr.
Iň esasy zadam, Mukaddes Ruh başga ýolbaşçyny saýlanda,
onuň özi tabyn bolmaga taýýar bolmalydyr.6
Uilýam Sangsteriň terjimehalyna özüniň şahsy golýazmasy
goşulypdyr. Şol golýazma bu iňlis wagyzçysy hem ylahyýetçisi
özünde usulýet ýygnagy üçin öz üstüne ýene köpräk
jogapkärçilik almalydygyna bolan ynamyň artýanyny duýan
wagtynda ýazypdyr:
Bu men babatdaky Hudaýyň islegi. Bu roly men saýlamadym.
Men ondan gaça durmaga çalşypdym. Ýöne ol barybir
yzymdan kowup ýetdi. Onuň bilen birlikde ýene käbir zatlar
geldi. Bu Hudaýyň meniň ýöne bir wagyzçy bolmagymy
islemeýändigine bolan ynamdyr. Ol meniň ýolbaşçy —
usulýet ýygnagyň ýolbaşçysy — bolmagymy isleýär. Men
Hudaýyň tabşyrygyny — başgalaryň diýýän zatlaryna
garaman, öz şahsy abraýyň aladasyny etmän, Öz ýygnagynyň
bu şahasyny (Metodizmi) täzeden dikeltmek üçin Özi bilen
bile zähmet çekmegi tabşyrýanyny — duýýaryn. Мen eýýäm
otuz alty ýaşymda. Eger maňa Hudaýa hut şeýle gulluk
etmeklik öňünden bellenilen bolsa, onda bu missiýadan gaça
durmagy bes etdirmeli-de, onuň bilen meşgullanyp başlamaly.
Men öz ýüregimi gowuja öwrendim — onda şöhratparaz
pikirler ýokmy? Men ol ýerde beýle pikirleriň ýokdugyna
ynanýaryn. Maňa öz duçar boljak tankydym ýakymsyz
bolar, men boş ýaňramalara çydam edip bilemok. Maňa
ýakymly ýarym garaňky, sahypalaryň ýuwaşja şykyrdysy we
adaty adamlaryň meşgullanýan gullugy köpräk ýaraýar.
Hudaýyň islegi bilen meniň wezipäm şundan ybarat, goý,
maňa Hudaý kömek etsin.
6
A. W. Tozer, in The Reaper, February 1962, 459. Eýden Uilson Tozer
(1897–1963) — Mesihi — Missionerçilik Soýuzynyň işgäri (Christian and
Missionary Alliance). Onuň ýazan otuz kitabynyň içinde The Pursuit of God
(1948) atly eseri has uly meşhurlyk aldy.
30
R uhy
ýolbaşçylyk
Haýran galma bilen, öz gulaklaryma ynanman, men Hudaýyň
sesini eşidýärin: „Men seni Öz ýaragym edip saýladym“.
Eý, Hudaý, gullukdan menden güýçli boýun towlan adam
bolupdymy? Men: „Ýok“ diýmäge het edip biljek däl, ýöne
Ýunus kimin, men jogapkärçilikden gaçmaga taýýar7.
Bir gezek mukaddes Fransisk Assizskiý özüne ýüzlenip, mydama:
— Näme üçin sen? Näme üçin sen? — diýýän dogana duş gelýär.
— Näme üçin men, näme? — diýip, Fransisk Assizskiý
gyzyk-lanýar.— Näme üçin hemmeler seniň bilen duşuşmaga
jan edýärler? Näme üçin hemmeler seni diňlemek, saňa tabyn
bolmak isleýärler? Sen beýle bir gelşiklem däl, bilimiňem
ýok, maşgalaňam baý däl. Şeýle-de bolsa, adamlar seniň
yzyňa eýermek isleýärler.
Şonda Fransisk gözlerini göge dikip, Hudaýa minnetdarlyk
bildirmek üçin dyza çökýär, soň hem, sorag berene ýüzlenýär:
— Sen näme üçindigini bilmek isleýärsiňmi? Sebäbi
hemme-lerden beýik Bolan şeýle kesgitledi. Ol her gün
gowulara-da, erbetlere-de seredýär, şonuň üçin Onuň gözleri
günäkärleriň arasynda menden pesini, menden günälisini
we peýdasyzyny tapmandygy sebäpli, Ol Hudaýyň
gudratly işini ýerine ýetirmek üçin meni saýlady; Ol
menden az derejede myna-syp bolany tapmandygy üçin
meni saýlady hem-de Ol bu dünýäniň paýhaslylygyny,
beýikligini,
güýjüni,
gözelligini
we
alymlygyny
peseltmek isledi8.
Bernard Montgomeri harby komandire zerur bolan ýedi häsiýeti
belledi. Şol häsiýetleriň her biri ruhy söweşde-de ulanarlyklydyr:
ýolbaşçy (1) aşa jikme — jiklikden gaça durmalydyr; (2) ownukçyl
bolmaly däldir; (3) tekepbir bolmaly däldir; (4) haýsydyr bir iş üçin
7
8
Paul E. Sangster, Doctor Sangster (London: Epworth, 1962), 109.
James Burns, Revivals, Their Laws and Leaders (London: Hodder &
Stoughton, 1909), 95.
Ruhy ýolbaşçyny tapawutlandyrýan häsiýetler 31
gerek adamlary saýlamagy başarmalydyr; (5) kimdir birine özüniň
tabşyran işine goşulmaly däldir; (6) aýdyň kararlary kabul etmegi
başarmalydyr; (7) ynama girmelidir9.
Jon Mott okuwçylar bilen işleşdi. Onuň geçiren sorag —
jogaplary hem, mazmuny boýunça dürlüdi. Onuň testleriniň
birinde ýolbaşçylara aşaky soraglar berilýär: (1) olar ownuk
zatlaryň hötdesinden gowy gelýärlermi; (2) ilkinji derejeli zatlary
goýuşdyrmagy we olara eýermegi başarýarlarmy; (3) olar boş
wagtlaryny peýdaly geçirýärlermi; (4) оlar tutanýerlimi; (5) gerek
pursaty ulanyp bilýärlermi; (6) şahsy ösüşe dyrjaşýarlarmy; (7)
sustupesligi we „çykgynsyz“ ýagdaýlary ýeňmegi başarýarlarmy;
(8) olar özleriniň ejizligini bilýärlermi10.
Ýekeje adam köp ýagşylyk edip ýa-da köp zelelleri ýetirip bilýär.
Biz öz durmuşymyz bilen öz täsirimiziň çäklerinde bolanlarda,
özümiz pikir hem etmesek-de, aýrylmaz täsirleri galdyrýarys.
Doktor Jon Geddi 1848-nji ýylda Aneýtýum adasyna missioner
bolup gidýär-de, ol ýerde ýigrimi dört ýyl işleýär. Ol barada aşaky
sözler ýadygärlik galýar:
Ol 1848-nji ýylda gelende, bu ýerde mesihiler ýokdy.
Ol 1872-nji ýylda gidende, bu ýerde butparaz galmady11.
Irki ýygnagyň gyzgyn yhlasy täze imana gelenleriň sanyny
adatdan daşary ösdürmeklige alyp baranda, Mukaddes Ruh
mesihilere ýolbaşçylyk barada ajaýyp sapak berdi. Ýygnakda
hemmeleriň, aýratynam, garyplaryň hem dul aýallaryň aladasyny
etmäge ýolbaşçylar ýetmezçilik etdi. Ýolbaşçylaryň goşmaça düzümi
9
10
11
Montgomery, Memoirs, p. 70.
B. Matthews, John R. Mott (London: S.C.M. Press, 1934), 346.
Jon Geddi (1815–1872) — Şotlandiýada doguldy. Ol Kanadadaky daşary
ýurt preswitrian missiýasynyň atasy hasaplanylýar. 1848-nji ýylda ol Täze
Gerbidlere (öňki ady — Aneýtýum) missioner bolup gitdi. (Asyl nusganyň
dilinde şeýle diýilýär. Aslynda Aneýtýun — bu Täze Gerbidler arhipelagyndaky
adalaryň iň günorta ýerleşýäni. Ol ýerde häzir Wanuatu döwleti ýerleşýär. —
Terjimeçiniň belligi)
32
R uhy
ýolbaşçylyk
gerek boldy. „Eý doganlar, öz araňyzdan ýagşy atly, Mukaddes
Ruhdan doly we akyl- paýhasly ýedi adamy saýlaň; bu işi şolara
tabşyralyň“ (Resullaryň işleri 6:3).
Bu täze ýolbaşçylar hemme zatdan öňürti Mukaddes Ruhdan
doly bolmalydy. Ruhulygyň nämedigini kesgitlemek aňsat däl,
ýöne ol adamda bar bolanda, hemmelere aýan bolýar. Bu Hudaýyň
bagynyň atyr ysydyr; töwerekdäki zatlaryň hemmesini üýtgetmäge
ukyply bolan güýçdür; munuň kömegi bilen Mesih töwerekdäkilere
açylýan täsirdir.
Еger dýakonlardan Mukaddes Ruhdan doly bolmaklyk
talap edilýän bolsa, onda Hudaýyň Sözüni wagyz edýänler we
öwredýänlerden az zada garaşmak gerekmi? Ruhy maksatlara diňe
ruhy adamlar ruhy usullaryň kömegi bilen ýetip bilýärler. Eger
ýolbaşçylaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doly bolan bolsalar,
onda biziň ýygnaklarymyz hem missiýalarymyz nähili üýtgärdi!
Dünýewi nukdaýnazardan garamak, dünýewi pikirleniş we
imansyz adamyň ýüregi, adam her neneň zehinli bolsa-da, ýygnak
ýolbaşçylygynda ýerliksizdir.
Jon Moot ruhy ýolbaşçylygyň düýp özenini gaty täsin edip
dogry suratlandyrypdyr:
Munuň ýaly ýolbaşçylyk başgalara doly gymmatyndaky
gullugy etmekdir;
munuň ýaly ýolbaşçylyk hereketleriňi şahsy bähbidiň
üçin etmezlikdir;
bütin ýüregiň ýerdäki zähmetiň bilen — Rebbimiz Isa
Mesihiň Patyşalygyny gurmak bilen –gümra
bol-magydyr12.
12
Matthews, Mott, p. 353
5 — NJI BAP
Siz ýolbaşçy bolup
bilýärsiňizmi?
… Kengan ýurduny synlamak üçin, tireleriň hersinden bir
serdary içaly edip, ol ýere goýber. Çölde 13:2
I
sa ýolbaşçylar saýlanda, şol günleriň (biziň günlerimiziňem)
bu wezipe üçin haýsy adamy saýlamalydygy baradaky adaty
düşünjelerini doly inkär etdi. Isanyň şägirtleri düýbünden
sowatsyzdylar, sözi ötýän we abraýly adamlar däldiler. Şol her dürli
adamlardan bolan topar hem, dünýäni üýtgetmeklige bellenipdi.
Dünýäniň global özgerşi baradaky programmalaryň hijisem,
meşhur adamlar, tanymal administratorlar we maslahatçylarsyz
düzülmeýär. Isanyň şägirtleriniň arasynda ýekeje meşhur
syýasatçy, maliýeçi, sportsmen, alym ýa-da dindarlaryň
wekili bardymy? Munuň deregine Isa sada, kiçigöwünli, şol
günleriň aşa ýitiligi we aňrybaş derejesi bilen zaýalanmadyk
adamlary saýlady.
Isa ruhanylardan şägirt saýlamady-da, ýönekeý, işçi adamlardan
saýlady. Hadson Teýlor hem, özüniň Hytaýa gitjek missioner
komandasyna köpräk professional bolmadyk adamlary saýlanda,
mesihileriň köpüsi üçin bu haýran galyjy zat boldy. Bu gün şunuň
ýaly iş mydama goldanylmasa-da, giňden ykrar edilen.
Isa sowatsyz diýen ýaly adamlary saýlady, ýöne olar tizara ägirt
uly ukyplaryny ýüze çykardylar. Isa şägirtlerinde töwerekdäkileriň
gözlerine ilmeýän käbir zatlary gördi, şol sebäpdenem, olar Isanyň
başarjaň ellerinden ýolbaşçylar bolup çykdylar-da, ondan soň
dünýäni sandyratdylar. Olaryň gizlin ukyplarynyň üstüne Hudaýa
çyn ýürekden bagyş edilme bilen agyr zähmete we çynlakaý
şowsuzlyklara ýugrulan göçgünli wepalylygam goşuldy.
34
R uhy
ýolbaşçylyk
Dogabitdi ýolbaşçylyk ukybynyň bolmagy hem, az ähmiýetli
bolmaýar. Bu ukyplaryň şeýdip ýüze çykman, içde irkilmegi
dowam edýän gezeklerem gaty köp bolýar. Eger biz öz içimize
ünsli seretsek, onda özümizde ýolbaşçylyk ukybynyň bardygyny
ýa ýokdugyny anyklap bileris. Eger şol ukyby tapsak welin,
onda ony Mesihe gulluk etmek üçin ösdürmelidiris. Ine, özüňize
nämäniň berlendigini derňemäge size kömek edip biläýjek
soraglaryň birnäçesi:
• Siz haçan hem bolsa bir wagt ýaramaz endigiňizi
taşlapdyňyzmy? Başgalara ýolbaşçylyk etmek üçin şahsy
islegleriňe erk etmek gerek.
• Siz agyr ýagdaýlarda özüňizi saklap bilýärsiňizmi?
Kynçylyklaryň täsiri astynda özüne erk etmäni
ýitirýän ýolbaşçy hormatyny hem abraýyny ýitirýändir.
Ýolbaşçy agyr pursatda asuda sustupeslik ýagdaýynda
şatlykly bolmalydyr.
• Siz özbaşdak pikirlenmäge ukyplymy? Ýolbaşçy karara
gelmek üçin başgalaryň peýdaly tekliplerini ulanmagy
başarmalydyr. Ol beýlekileriň haýsy hem bolsa, bir ädimi
äderine garaşyp durmaly däldir.
• Siz tankydy kabul edýärsiňizmi? Siz tankydy belliklerden
peýda alyp bilýärsiňizmi? Kiçigöwünli adam, ownukçyl
ýa-da adaty göripçilikden syzyp çykýan bolsa-da, islendik
tankydy özi üçin sapaga öwrüp bilýär.
• Siz islendik şowsuzlygy we sustupesligi mundan beýläkki
iş üçin täze mümkinçilige öwrüp bilýärsiňizmi?
• Siz töweregiňizdäkileriň goldawyny aňsatlyk bilen
tapýarsyňyzmy we hyzmatdaşlygyny gazanýarsyňyzmy?
Olaryň ynamyny we hormatyny gazanmak size aňsatmy?
Siz ýolbaşçy bolup bilýärsiňizmi? • Siz güýç ulanmazdan tertip — düzgüni ýola goýup
bilýärsiňizmi? Hakyky ýolbaşçy öz artykmaçlygyny
görkezmäge mätäç bolmaýar, sebäbi ýolbaşçylyk etme
ukyby — bu şahsyýetiň içki häsiýetidir.
• Siz bäsdeşleri ýaraşdyryp bilýärsiňizmi? Ýolbaşçy
islendik dawalary aradan aýryp, iki tarapyň delilleriniň
duşmançylyga alyp baran ýerinde parahatlygy dikeldip
bilmegi başarmalydyr.
• Kyn hem çylşyrymly ýagdaýlarda töweregiňizdäkiler
size ynanýarlarmy?
• Siz adamlary adatça özleriniň halamaýan zatlary bilen
höwesli meşgullanmaga ruhlandyrmaga ukyplymy?
• Siz öz kararlaryňyz bilen ylalaşylmazlygy ýa-da
nukdaýnazaryňyzyň halanmazlygyny öýkelemän kabul
edip bilýärsiňizmi? Ýolbaşçy mydama garşy çykylma
duş gelýär.
• Siz dost tutunyp, olar bilen gatnaşyk saklap
bilýärsiňizmi? Siziň dostlaryňyz özüňiziň ýolbaşçylyk
etme ukybyňyzy görkezýär.
• Zähmet çekmegi dowam etmäge güýç bolar ýaly,
size töweregiňizdäkileriň makullamasy zerurmy?
Siz
ýazgarmalaryň,
hatda
töweregiňizdäkileriň
ynamyny wagtlaýyn ýitirmäniň öňünde yranman
durup bilýärsiňizmi?
• Siz nätanyş adamlaryň ýanynda özüňizi arkaýyn
duýup bilýärsiňizmi? Özüňizden ýokary derejäni
eýeleýän adamyň bolmagy sizi biynjalyk bolmaga
mejbur edýärmi?
35
36
R uhy
ýolbaşçylyk
• Siziň öňüňizde haýsydyr bir zat üçin hasabat berýänler
özlerini nähili duýýarlar? Olar siz tarapdan hiç hili
basyşy duýman, siziň bilen mejbury däl ýagdaýda
gürleşip bilýärlermi? Ýolbaşçy dostluksöýüji hem
hoşniýetli bolmalydyr.
• Siz adamlar bilen gürleşmegi gowy görýärsiňizmi? Sizde
jynsy ýa-da başga bir alamatlara esaslanan nähilidir bir
öňden galan ters pikir barmy?
• Siz sypaýyçylyklymy? Siz öz sözleriňizi başga bir
adamyň nähili kabul etjegini öňünden bilmäge ukyplymy?
• Siz berk karara gelmäge ukyplymy? Ýolbaşçylar belli
karara gelmezlikde bolmaga özlerine ýol berip bilmezler,
şeýle hem, olar ýöne bir akymyň yzyna eýermeli däldirler.
• Siz bagyşlamagy başarýarsyňyzmy? Ýa-da siz öz
göwnüňize degenlere bolan gahary gizlemäge we erbet
duýgulary saklamaga ýykgyn edýärsiňizmi?
• Siz ruhybelent adammy? Ýolbaşçy belli bir derejede
ruhybelent bolmalydyr, sebäbi ruhy peslik we
adamlara ýolbaşçylyk etmeklik düýbünden bir ýere
sygyşmajak zatdyr.
• Sizde özüňiziň dyrjaşýan bir maksadyňyz barmy?
Resul Pawlusyň: „Doganlar, men özümi bir zada ýeten
hasaplamaýaryn-da, diňe yzky zatlary unudyp, öňe,
maksada, Hudaýyň Isa Mesihdäki ýokary derejesiniň
hormatyna tarap ylgaýaryn“ diýen sözleri size ýakynmy?
Siz bar güýjüňizi we bar wagtyňyzy öňde goýlan ýeke
— täk maksada ýetmäge bagyş edip bilýärsiňizmi?
Ýolbaşçylara haýsy hem bolsa bir zatda ünsüni jemleme
ukyby zerurdyr.
Siz ýolbaşçy bolup bilýärsiňizmi? 37
• Siz jogapkärçiligi öz üstüňize höwes bilen alýarsyňyzmy?
Biziň başga adamlar bilen gatnaşygy saklama ukybymyz
özümiziň ýolbaşçylyk etmäge näderejede ukyplydygymyz hakda
köp zady gürrüň berýär. Doktor Riçard Tompson ýolbaşçylar üçin
aşaky testi teklip edýär:
• Töweregiňizdäkileriň şowsuzlyklary sizi gaharlandyrýarmy
ýa-da olar sizi herekete galkyndyryjy bolup durýarmy?
• Siz adamlary ulanýarsyňyzmy ýa-da olara gowy adam
bolmaga kömek edýärsiňizmi?
• Siz adamlary ugrukdyrýarsyňyzmy ýa-da ösdürýärsiňizmi?
• Siz tankytlaýarsyňyzmy ýa-da ruhlandyrýarsyňyzmy?
• Siz belli bir mätäçlikleri bolan adamlardan gaçýarsyňyzmy
ýa-da olar bilen duşuşmaga çalyşýarsyňyzmy?1
Eger öz kemçiliklerimizi düzetmäge we bilimimizdäki boşlugy
doldurmaga dyrjaşmasak, onda bu soraglaryň kömek etjegi
gümanadyr. Ýokarda sanalyp geçilen soraglaryň hemmesine jogap
berende nähili hereket etjekdigiňiz — alnan netijeleriň üstünde
ýöne bir oýlanjakdygyňyz ýa-da hereket edip başlajakdygyňyz
— ýolbaşçylaryň „professional ýaramlylygyna“ berlen jemleýji
test bolup durýan bolsa gerek. Näme üçin tertiplilik Ruhy bolan
Mukaddes Ruhuň kömegi arkaly bilen özüňiziň kemçilikleriňiziň
birnäçesine üns berip, güýjüňizi käbir häsiýetleriňizi ösdürmekde
we kemçilikleriňizi düzetmekde jemlemeli dälmişin?
Вize zerur bolan häsiýetleriň hemmesi özüniň bar dolulygynda
Rebbimiziň häsiýetinde bardy. Her bir mesihi öz häsiýetindede şol gylyklaryň tizräk peýda bolmagy üçin Hudaýa dyngysyz
doga etmelidir.
1
R. E. Thompson, in World Vision, December 1966, 4.
38
R uhy
ýolbaşçylyk
Ýolbaşçylyk roly, düzgün bolşy ýaly! Bizden özümize gulluk
bilen doly derejesinde meşgullanmaga ýol bermeýän otrisatel
häsiýetlerden ýüz öwürmegi talap edýär. Eger biz tankyda aşa
duýgur bolup, şobada özümizi gorap başlaýan bolsak, onda bu
endikden ýüz öwürmelidiris. Eger biz öz şowsuzlyklarymyza
aklama gözläp, şowsuzlygymyzda başga adamlary ýa-da ýagdaýlary
günäkärlemäge çalyşýan bolsak, onda mundan hem el çekmelidiris.
Eger biz başgalara tankydy pikirde bolsak, eger özümizi döredijilik
adamlary özlerini çekinmeli ýaly alyp barýan bolsak, onda bu
häsiýetdenem el çekmegimiz gerek.
Еger özümizdäki ýa-da töweregimizlerdäki kämillikden haýsydyr
bir gyşarma çydam edip bilmeýän bolsak, onda mundan hem ýüz
öwürmegimiz gerekdir. Hemme zatda hiç bir kemçiliksizligiň
bolmagyny isleýän adam öz öňünde ýetip bolmajak maksady goýýar,
soň bolsa, şowsuzlyk başyndan inende, ýalan günä duýgusy bilen
özüni paralaýar. Biziň dünýämiz kämil däldir, şonuň üçin mümkin
bolmadyk zada garaşmak gerek däldir. Eger kämillige dyrjaşýan
adam öz öňünde sada, ýetmesi mümkin bolan maksatlary goýsa,
bu oňa heläk ediji lapykeçliksiz öňe süýşmäge kömek eder.
Еger siz kimdir biriniň syryny gizlin saklamagy başarmaýan
bolsaňyz, ýolbaşçy bolmaga synanyşybam oturmaň. Başga biriniň
teklibi siziňkiden gowy bolan ýagdaýynda eglişik etmäge ukyply
bolmasaňyz, size adamlara ýolbaşçy bolmagy başarmandygyňyz
sebäpli gaýgylanmadan özüňizi goranyňyz ýagşydyr. Eger siz
töweregiňizdäkileriň nazarynda mydama günäsiz görünmäge
çalyşýan bolsaňyz, onda özüňize başga güýmenje gözleseňiz gowy
bolar: ýolbaşçylyk roly siziň üçin däl.
6 — NJY BAP
Resul Pawlus
ýolbaşçylyk hakda
Şoňa görä-de, gözegçi müýnsüz, diňe bir aýalyň äri,
hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer,
öwretmäge ukyply, şeraba höwesjen däl, igenjeň däl,
ýumşak, uruşdan gaçýan, haram gazanç etmeýän
bolmalydyr. Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk
bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir… Gözegçi ýaňy
iman getireniň biri bolmaly däl, ýogsa, tekepbirlik edip…
ol ýygnagyň daşyndakylar tarapyndan-da oňat diýip
güwä geçilýän adam bolmalydyr. 1 Тimoteos 3:2–7
B
ir gezek dostum öz pikirini meniň bilen paýlaşdy: „Men
öz çagalaryma seredenimde, göwnüme, edil öz säwliklerim
hem ýalňyşlyklarym kiçijik aýakda töweregimde ylgaşyp
ýören ýaly bolýar! Eýsem, şunuň ýaly zat adamy has pes göwünli
etmäge ukyply dälmi?“ Bu maňa ruhy hakykatlar hakda ýöne bir
hyýaly pikirlenmän, eýsem, olary töweregimizde görenimizde,
olaryň öz öňümizde has aýdyň durýandygyny ýatladýar. Resul
Pawlus öz hatlarynda suratlandyran ýolbaşçylyk prinsiplerini
durmuşa ornaşdyrdy. Onuň durmuşyna seredenimizde,
ýolbaşçylygyň nämedigine biz diýseň gowy düşünýäris. Beýik
ýolbaşçynyň abraýy wagtyň geçmegi bilen ulalýar. Resul
Pawlusyň ruhy hem ahlak beýikligi onuň durmuşyny öwrenme
prosesinde gitdigiçe köp açylýandygy şübhesizdir. E. U. Tozer
Pawlusy dünýädäki iň üstünlikli mesihi hökmünde atlandyrýar.
Şeýle meşhur ýolbaşçy çykarmak üçin Hudaýyň irki ýygnagyň
iň duşmançylykly pikirli bolan garşydaşyny saýlandygy
gyzykly hem täsindir.
40
R uhy
ýolbaşçylyk
Pawlus Hudaýyň emri bilen özüniň oýnamaly bolan wajyp
roluna gaty gowy taýýarlyklydy. Biziň döwürdeşimiz Pawlusa
meňzeş bolmak üçin Pekinde Konfusiýadan we Men — szydan
salgylanmalar getirip biler ýaly derejede hytaý dilinde arassa
gürlemeli bolardy; öz ýazan işleri boýunça Oksfordda sapak
bermeli bolardy; bularyň üstesine-de, Russiýanyň Ylymlar
Akademiýasynyň öňünde öz nukdaýnazaryny goramaga
ukyply bolar ýaly derejede arassa rus dilinde gürlemeli
bolardy. Biz her neneň deňeşdirme gözlesek-de, Pawlusyň
ýygnagyň bütin taryhynda iň köptaraply ýolbaşçylaryň
biri bolandygy şübhesizdir.
Onuň adamlaryň islendik toparyna aňsatlyk bilen
uýgunlaşyşyna üns bersek, onda giň dünýägaraýşy göze
ilgiç bolýar. Pawlus syýasatçylar hem esgerler, ulular hem
çagalar, hökümdarlar hem ýolbaşçylar bilen gürleşip bilipdir.
Ol filosoflar, ylahyýetçiler we butparazlar bilen jedele
arkaýyn girip bilipdir.
Pawlus Köne Ähti diýseň gowy bilipdir. Ony hormatdan hem
sylaşykdan peýdalanýan dini mugallym Gamalil okadypdyr. Pawlus
onuň iň gowy okuwçysy bolupdyr. Resulyň özi: „Atalarymyň däpdessuryna biçak yhlasly bolup, halkymda bolan ýaşdaşlarymyň
köpüsinden ýehudylykda ozdum“ (Galatýalylar 1:14) diýip, resulyň
özi şaýatlyk edýär.
Adamlara dogabitdi ýolbaşçylyk etme ukyby bolan Pawlus
diňe öz ýüregi bilen akly Isa Mesihe berlenden soň, meşhur ruhy
ýolbaşçy boldy.
Pawlusda Hudaý üçin gulluk etmäge çäksiz isleg bardy,
onuň okgunlylygy Isa Mesihe gönükdirilendi. Onuň Mesihe
bolan söýgüsi we öz borjy hasaplan Hoş habary ýaýratmasy
bütin ömrüniň baş maksady boldy (Rimliler 1:14; 2 Коrintoslylar
5:14). Pawlusyň ýasama bolmadyk gyzgyn Hoş Habary
ýaýratma islegi medeni we jynsy päsgelçilikleriň hemmesini
ýeňip geçmekde oňa kömek etdi. Pawlus öz töweregindäki
adamlaryň hemmesiniň aladasyny etdi. Adamyň material
derejesiniň, sosial statusynyň, akyl derejesiniň Pawlus üçin hiç
hili ähmiýeti ýokdy.
Resul Pawlus ýolbaşçylyk hakda 41
Öz biliminiň we baý tejribesiniň üstesine-de, Pawlus Mukaddes
Ruhdan doludy we ruhlandyrylandy. Pawlusyň gürrüňini eden
ýolbaşçylyk häsiýetleri biziň eramyzyň birinji asyrynda bolşy
ýaly, bu günem wajypdyr. Biz ol häsiýetleri könelen hökmünde
yglan etmäge ýa-da hökmany däl hökmünde äsgermezçilik etmäge
het edip bilmeris.
Ýokarda Timoteosa ýazylan birinji hatdan alnan parça
ruhy ýolbaşçynyň eýe bolmaly häsiýetlerini sanaýar. Geliň,
şol sanawa ýene bir gezek seredeliň-de, olaryň her birine
aýratynlykda düşüneli.
Sosial häsiýetler
Ýygnagyň içindäki aragatnaşyklara degişli bolan zatlaryň
hemmesinde ýolbaşçy her hili aýyplamalardan ýokarda
bolmalydyr. Gybat üçin hiç hili esas bolmaly däldir. Eger hakyky
ruhy ýolbaşçyny näme hem bolsa bir zatda aýyplaýan bolsalar,
onda bu aýyplama uzak wagtlap saklanmaýar: ony nädogry
hereketlerinde aýyplama we ýazgarma hyzmat edip biläýjek hiç
zadam tapmazlar. Erbet adamlar töhmet, gybat we erbet myş —
myşlar üçin bahana tapyp bilmezler.
Ýygnakdan daşky gatnaşyklar babatda bolsa, ruhy ýolbaşçy
gowy abraýdan peýdalanmalydyr. Awtoryň tanyşlarynyň
biri ýygnak gullukçysy bolmak bilen bir hatarda telekeçide bolupdyr. Ol ýekşenbe günleri ýygy — ýygydan wagyz
edipdir. Gol astyndakylar duşenbe güni onuň ýaňy — ýakynda
wagyz eden — etmänini mydama anyklap bilipdirler, sebäbi
ol wagyz edenden soň gyzma hem gaharjaň bolupdyr.
Ýygnakdan daşda bolanlar durmuşymyz özlerine edýän
şaýatlyklarymyzdan tapawutlanýan wagtynda, muny örän
gowy görüp bilýärler. Eger durmuşymyz beýle gapma —
garşylykly bolsa, onda kimdir birini Mesihe getirmäge umyt
baglap biljegimiz gümanadyr.
Dünýäniň ýygnagy tankytlajagy gutulgysyz zatdyr, şeýle-de
bolsa, imansyz adamlar mesihileri tapawutlandyrýan ideallara
hormat bilen garaýarlar. Mesihi ýolbaşçy öz durmuşynda
42
R uhy
ýolbaşçylyk
şol beýik ideallary saklanda, imansyzlar onuň durmuşynyň
şeksizligini we şatlykdan doludygyny görenlerinde, olaram,
şeýle ýaşamagy öwrenmek isleýärler. Ýolbaşçynyň özüni
alyp barşy imansyzlarda hormat hem ynam döretmelidir,
olary hem özleriniň durmuşynda şunuň ýaly zada ymtylmaga
höweslendirmelidir. Şahsy görelde dilde aýdylan öwütlerden
has netijeli bolýandyr.
Ahlak häsiýetler
Mesihiniň içinde ýaşaýan ahlak prinsipleri — maşgala
gatnaşyklaryndaky wepalylygy — göze görünmeýän bolsa-da,
beýleki prinsiplere garanda hüjüme köp sezewar bolýar. Ýolbaşçy
mesihi durmuşyň käwagt dymmagy gowy görülýän bu wajyp
ulgamynda çirksiz bolmalydyr. Nikada bir partnýora wepaly
bolmak Mukaddes Kitap normasydyr. Ruhy ýolbaşçy şeksiz
ahlaklylyk bilen tapawutlanmalydyr.
Ruhy ýolbaşçy, şeýle hem, özüne erk edip bilýän, alkogola
höwes etmeýän bolmalydyr. Serhoş ýagdaýda bolýan adam özüniň
şahsy durmuşynda nähili tertipsizligiň höküm sürýändigini
görkezýär. Serhoşluk hemme ýerde jemgyýet tarapyndan
ýazgarylýar, ýöne mesihi üçin ol has-da ulanarlykly zat däldir.
Ýolbaşçy öz abraýyny düşürip biläýjek gizlin höwesler bilen
meşgullanmaly däldir.
Akyl häsiýetnamasy
Ýolbaşçy sagdyn pikirlenmäge ukyply bolan akylly adam
bolmalydyr. Bu häsiýet „aklyň endige öwrülen özüňe erk etmäniň
netijesi bolan bir boluşlylyk ýagdaýydyr“, häsiýetiň öz üstüňde
günde işleme arkaly ösdürip bolýan içki gylygydyr. Jeremi Teýlor
bu häsiýeti: „höwesi jylawlamak we paýhaslylygy guşanmak“
Resul Pawlus ýolbaşçylyk hakda 43
diýip atlandyrýar1. Gadymy grekler bu häsiýete aýratyn ähmiýet
beripdirler we duýdansyz joşgunly urgynyň astynda yranmaýan we
aňrybaş derejä düşmeýän bir boluşly akly ýokary tutupdyrlar. Mysal
üçin, Gadymy Gresiýada batyrlyk akylsyzlyk bilen gorkaklygyň
arasyndaky „altyn aralyk“ hökmünde hasaplanylypdyr; arassalyk
doly utanjaňlyk bilen ahlaksyzlygyň arasyndaky ortalyk bir zat
bolupdyr. Şuňa meňzeşlikde sagdyn akla eýe bolan mesihi ýolbaşçy
öz şahsyýetiniň, endikleriniň we islegleriniň hemme tarapyna doly
gözegçilik edýär.
Özüňi alyp barmak babatda aýtsak, ýolbaşçy bu meselede
başgalaryň hormatyndan peýdalanýan bolmalydyr. Gowy
tertipleşdirilen durmuş — gowy tertipleşdirilen aklyň netijesidir.
Ýolbaşçynyň durmuşy Hudaýyň şahsyýetiniň gözelligini we
tertipliligini şöhlelendirmelidir.
Bu zatlaryň hemmesiniň üstesine-de, ýolbaşçy başgalary
okatmaga we mugallymçylyk ukyplaryna eýe bolmalydyr.
Ýolbaşçy saýlanda, dalaşgärde öwretme islegini gözlemek
wajypdyr. Bu ýolbaşça başgalara ruhy hakykatlaryň manysyny
düşündirmäge mümkinçilik berýär. Ýolbaşçy Mukaddes Ruh bilen
gürleşmekden şatlyk tapýar, şonuň üçin başgalaryňam,
Hudaýy tanamagyny isleýär. Mundan başga-da, ýolbaşçynyň
öz okadýanlary üçin jogapkärçiligi özüniň çirksiz durmuşy
bilen berkidilmelidir.
1
William Barclay, Letters to Timothy and Titus (Edinburgh: St. An­drews,
1960), 92. Jeremi Teýlor (1613–1667), iňlis ýygnagynyň gullukçysy, iňlis
koroly Çarlz I-iň köşkdäki ruhanysy bolupdyr. Bu gün ol mesihilik kitaplarynyň
awtorydyr. Olardan „Mukaddes ýaşaýyş“ (1650) we „Mukaddes ölüm“ (1651)
has meşhurlarydyr. Bulary ol korol Çarlz I-iň kellesi kesilenden soň, ony
ýeňen Oliwer Kromwel öz şöhratynyň çür depesinde wagtynda ýazýar. Teýlor
öz döwrüniň iň meşhur wagyzçylarynyň biri bolupdyr. Мen — szy (biziň
eramyzdan öňki 372–289) — awtoryň ikinji abzasda agzap geçýän hytaý
filosofy. Ol Konfusiýa taglymatyna meşhur eýerijileriň biridir. Men — szy
söýgini, dogruçyllygy, edeplilik we akyldarlyk düzgünlerini ýerine ýetirmäni iň
esasy gowy zatlar hasaplapdyr. Onuň ady „Men mugallym“ diýmegi aňladýar.
Ol Hytaýda „Ikinji Akyldar“ hökmünde bellidir.
44
R uhy
ýolbaşçylyk
Başgalary okatmaklyk kyn işdir, şonuň üçin hem, ony päk
wyždan bilen ýerine ýetirmeklik wagty, taýýarlanmany, jikme
— jik öwrenmäni we Hudaýa doga etmäni talap edýär. Samýuel
Brengl bu babatda şeýle ýazypdyr:
Biziň aramyzda mugallymlar, ah, nähili gerek: adamlaryň
ýüreklerini okamaga we tejribeli lukmanyň diagnoz goýup, her
bir syrkawa zerur bolan dermany belleýşi ýaly, hakykaty her
kimiň mätäçligine laýyklykda ulanmaga ukyply mugallymlar
gerek. Ruhy keseller görünýän hem gizlin, ýiti hem ötüşen,
ýüzleý hem çuň bolup biler. Bu keselleriň hemmesini Isa
bejerýär. Ýöne her kesel üçin öz dermanynyň bolşy ýaly,
her mätäçlik üçin belli bir hakykat zerurdyr. Ine, näme üçin
biz Mukaddes Kitaby yhlas bilen okamaly we Mukaddes
Ruhuň özümize mydama bilim bermegi üçin Hudaýa doga
etmeli ekenik2.
Jon Ueslide şonuň ýaly ukyp bolupdyr. Ol hiç haçan aklyň
ähmiýetini peseltmäge edilen synanyşyklara gatnaşmandyr-da,
mydama Mukaddes Kitaby bilmegiň we adamlaryň ruhy taýdan
täzelenmeginiň wajyplygyna ünsi çekmäge çalşypdyr. Jon Uesli akyl
taýdan ösen adam, iňlis edebiýatynyň ajaýyp bilermeni bolupdyr.
Bir meşhur wagyzçy Uesliniň wagyzlaryndan başga nusgawy we
ýönekeý edebiýata çuň düşünmä şaýatlyk edýän wagyzlara duş
gelmändigini aýdýar. Şol bir wagtyň özünde-de, Jon Uesli „bir
Kitabyň“ adamy hökmünde belli bolupdyr. Merkezinde Mukaddes
Ýazgy durýan beýle giň gözýetim ruhy ýolbaşçynyň bagyş edilen
aklynyň ajaýyp mysaly bolup durýar.
Şahsy gylyklar
Еger siz dawany parahatçylykly ýol bilen çözmäniň deregine, urşup
başlaýan bolsaňyz, onda ýygnaga ýolbaşçylyk etmäge synanyşybam
oturmaň. Mesihi ýolbaşçy jedelleşmegi gowy görmeli däl-de,
2
C. W. Hall, Samuel Logan Brengle (New York: Salvation Army, 1933), 112.
Resul Pawlus ýolbaşçylyk hakda 45
hoşniýetli hem ýumşak bolmalydyr. R. K. Trençiň pikir edişi ýaly,
ýolbaşçy düzedýän we „adalatsyzlygy tekizleýän“ adam bolmalydyr.
Aristoteliň taglymatyna görä, ýolbaçşy — bu „ýamanlygy dälde, ýagşylygy, kimdir biriniň eden ýamanlygyny däl-de, kimdir
biriniň gören ýagşylygyny saklaýan“ adam bolmalydyr. Ýolbaşçy
başgalara hakykatdan ünsli bolmalydyr, ol gatnaşykda haýal ýa-da
daşlaşdyrylan bolmaly däldir. Ol dawalary parahatçylyk ýoly bilen
çözmäge we partlama howpy bolan ýagdaýlary howpsuzlandyrmaga
ukyply bolmalydyr.
Mundan başga-da, ýolbaşçy özüniň myhmansöýerligi bilen
başgalara görelde görkezmelidir. Bu gulluga hiç bir ýagdaýdada, irginli, ýadadyjy borç hökmünde garamaly däldir: aslynda
myhmansöýerlik bize başgalara hormatly gulluk etme hukugyny
berýär. „Ruhy çopan Germy“, biziň eramyzyň II asyrynda ýazylan
giňden meşhur bolan irki mesihilik eseri ýepiskopyň „islendik
wagtda Hudaýyň gullukçylaryny öz öýünde şatlyk bilen kabul
edip, myhmansöýer bolmalydygyny“ görkezýär.
Pawlus özüniň Timoteosa hatyny ýazan wagtynda,
kerwensaraýlar az bolupdyr, olar arassalygy bilen tapawutlanmandyr,
onuň deregine içinde höküm sürýän ahlaksyzlygy bilen meşhur
bolupdyrlar. Başga şäherlere syýahat edýän mesihiler kimdir biriniň
myhmansöýerligine bil baglamaly bolupdyrlar. Awtoryň bir tanşy,
ýygnakda bolşy ýaly işde-de, uly sanawly borçlary bolan bir adam
her ýekşenbe güni öýüne myhmanlary we öýsüzleri kabul edip,
“açyk gapylar syýasatyny“ saklapdyr. Munuň ýaly adat onuň
durmuşyny bezäpdir we onuň üsti bilen töweregindäkilere ak pata
beripdir, şeýle hem, ruhy ýolbaşçynyň eýe bolmaly bolan bu wajyp
häsiýetini görkezipdir.
Gysgançlyk hem pula bolan söýgi, bu iki ekiztaý, ruhy ýolbaşçy
üçin düýbünden ýol bererlikli zat däldir. Material taýdan sylaga
ymtylmaklyk ýolbaşçynyň gullugynda bolmaly däldir. Ruhy
ýolbaşçy sahy sylagy hem sada sylagy deň derejedäki höwes bilen
kabul etmelidir.
Jon Fletçer Medlä göçmezinden ozal onuň howandary Hill
Çeşirdäki Dunhamada gulluk etme mümkinçiliginiň bardygyny, ol
ýerde „ýygnagyň az agzalydygyny, işleriň kyn däldigini, aýlygyň
46
R uhy
ýolbaşçylyk
gowudygyny“ oňa aýdýar. Mundan başga-da, ýygnak „owadan oba
ýerinde ýerleşýärdi, ol ýerde aw etmegem bolýardy“.
— Gynansak-da, jenap, Duhnam maňa bolmaýar. Ol ýerde juda
köp töleýärler, iş bolsa azrak — diýip jogap berýär.
— Munuň ýaly teklipden boýun towlaýandygyňyza gynanýaryn.
Medli babatda näme — diýip, Hill soraýar.
— Ine, bu ýer, jenap, hut meniň üçin.
Şu ýygnakda-da, pul azajygam gyzyklandyrmaýan adam özüniň
ajaýyp gullugyny alyp bardy. Onuň gullugynyň netijesi biziň
döwrümizde-de duýulýar3.
Ýolbaşçy we maşgala
Eger mesihi ýolbaşçy öýlenen bolsa, aşaky kadalara gabat
gelmelidir: „Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen
çagalaryna diýenini etdirmelidir“ (1 Тimoteos 3:4). Bize zalym,
durmuşda hiç haçan gülmeýän we ähli emosiýalardan doly mahrum
bolan maşgalabaşynyň keşbini kabul etmek kyn bolýar. Pawlus
onuň öýüni oňat dolandyrmalydygyny, ikitaraplaýyn hormatda
we birek — biregiň aladasyny etmeklige esaslanýan gatnaşykda
bolmalydygyny belleýär. Ençe ýygnak ýolbaşçylaryna we
missionerlere öz öýünde tertibi saklamaga ukyply bolmandyklary
sebäpli, uly üstünlige ýetmäge päsgel berdi.
Ýolbaşçynyň bu maksada ýetmegi üçin onuň aýaly adamsynyň
ruhy ymtylyşlary bilen doly ylalaşmalydyr we gerek bolsa,
onuň bile islendik pida etmäge taýýar bolmalydyr. Bu ýolbaşçy
aýallaryň ärlerine-de degişlidir. Ençe zehinli ýolbaşçylar özleriniň
yrylmazak ýanýoldaşlarynyň päsgelçilik bolany üçin ýokary
wezipelerini eýeläp we ruhy gullukda netijelilige ýetip bilmediler.
Mesihi öz öýünde hoşniýetlik we şatlyk bilen tabyn bolmany
3
Jon Uilýam Fletçer (1729–1785) Merli diýen ýerde, Şropşir graflygynda,
ybadathana gullugyny alyp barýar. Milleti boýunça şweýsar. Fletçer
Angliýadaky metodist ýygnagyna goşulýar. Ony öz ahlaklylygy bilen
tapawutlanýan we şahtýorlaryň arasynda özüni gulluga doly bagyş eden
adam hökmünde tanaýarlar.
Resul Pawlus ýolbaşçylyk hakda 47
gazanyp bilmese, ol haýsydyr bir gulluga ýolbaşçylyk edip
bilermi? Eger çagalaryňyz size asla gulak asmaýan bolsa, onda
myhman çagyryp bolarmy? Eger öz maşgalaňyzda bulam —
bujarlyk höküm sürýän bolsa, başga maşgalalardaky gulluk bilen
meşgullanyp bolarmy?
Ýolbaşçy ýygnagyň ýa-da missiýanyň aladasyny edip, öz
maşgalasyny ünsden düşürmäge hakly däldir, sebäbi maşgalasynyň
aladasy onuň ilkinji derejedäki şahsy borjudyr. Hudaýyň
Patyşalygyndaky bir wezipäni ýerine ýetirmeklik bizi başga bir
wezipäni ýerine ýetirmekden azat etmeýär. Her bir wajyp iş üçin
wagt tapylmalydyr. Resul Pawlus adamyň öz öýüni dolandyryp
bilme ukybynyň onuň gulluga ýolbaşçylyk etmäge taýýarlygynyň
ajaýyp görkezmesi bolýandygyny görkezýär.
Kämillik
Ýolbaşçy ruhy kämilliksiz oňup bilýän däldir. Täze gelen ýa-da
täze iman eden adamy ýolbaşçylyk bilen meşgullanmaga mejbur
etmeli däldir. Ösümligiň kök urup ösüp başlamagy üçin wagt
gerek, bu prosesi howlukdyryp bolmaýar. Tohum ilki köküni aşak
goýberýär. Ol diňe şondan soň, öz hasylyny getirip we ýokary
ösüp başlaýar. J. A. Brengliň aýdyşy ýaly, täze gelenlerde „ýaprak
juda köp bolýar“ sebäbi „olary entek haç kesmändir“. Timoteosa
ýazylan birinji hatda ýepiskoplara zerur bolan häsiýetleri sanandan
soň, Pawlus: „Bular öňürti synalsyn“ (1 Тimoteos 3:10) diýip
duýduryş berýär.
Timoteos ruhy çopan bolanda, Efesdäki ýygnak eýýäm on
ýyldan bäri hereket edip gelýärdi. Bu ýygnakda zehinli mugallymlar
köpdi, şonuň üçin kämil, tejribeli adamlar ýetmezçilik etmeýärdi.
Ine, näme üçin Pawlus täze gullukçynyň kämil bolmalydygyny
nygtap aýdýan eken: onuň ýaşy boýunça beýlekilere gabat
gelmegi hökman däl, ol ruhy taýdan tassyklanylan we gullukda
hasylly bolmaly. Pawlus Krit adasyndaky ýaş ýygnaga
ýolbaşçylyk etjek adam üçin kämillik ölçegini hökman diýip
nygtamady (Тitus 1:5–9), sebäbi ol ýerde entek ruhy taýdan
kämil ýygnak agzasy ýokdy. Ýygnagyň esaslandyrylan irki
48
R uhy
ýolbaşçylyk
etapynda biz kämilligiň bolmagyny talap edip bilmeýäris,
ýöne gulluk bilen meşgullanýanlaryň berk häsiýetli, hakykata
ruhy taýdan düşünýän we şöhratparaz bolmazlygyna bar
ünsüň bilen garamalydyr.
“Tekepbirlik edip, iblisiň sezewar bolan hökmüne sezewar
bolmaz ýaly“ (1 Тimoteos 3:6), ýolbaşçylyk etmäge taýýar
bolmadyk adamy bu rola bellemeli däldigini Pawlus duýdurýar.
Täze imana gelen adam adamlara paýhasly ýolbaşçylyk etmek üçin
zerur bolan ruhy durnuklylygy entek alyp ýetişmedi. Hatda özüni
gowy tarapdan görkezenlere-de, juda tiz esasy wezipeleri bermeli
däldir, ýogsam, olary zaýalarys. Ýygnagyň we missiýalaryň taryhy
gaty howlukmaçlyk bilen bellenilen ýolbaşçylaryň mysalyndan
doly. Birden başgalara ýolbaşçylyk etmäge goýlan täze adam
tekepbirlik edip, özüne göwni ýetýän bolma töwekgelçiligini edýär.
Munuň deregine köp zady wada berýän täze imana gelenlere has
sadaja we az göze ilýän ýerde gulluk etmäge giň mümkinçilikleri
bermeli. Beýle edilmegi olara hem tebigy, hem ruhy zehinlerini
ösdürmäge kömek edýär. Olary juda tiz öňe süýşürmek gerek däl,
ýogsam, olar olaryň özlerini bolmalysyndan has ýokary saýmaklary
ahmal. Ýöne olary zähmet çekme yhlasyndan doly mahrum etmez
ýaly, olary basmagam gerek däl.
Pawlus özüniň birinji missionerçilik syýahaty wagtynda,
şäherleriň hemmesinde gullukçylar bellemedi. Käwagt ol bu
meseläni özüniň indiki saparyna goýup, täze imana gelen adamyň
ruhy taýdan emele gelmesiniň tamamlanaryna garaşdy (Resullaryň
işleri 14:23). Тimoteos Pawlusyň birinji sapary wagtynda imana
geldi, ýöne ýygnaga ikinji sapary wagtynda bellenildi4.
„Uly adamy synaga düşmedik ýigitden tapawutlandyrýan zat
onuň üçin öz ýerleşýän ýeriniň mydama çekiş merkezi bolup
durýandygyndadyr. Ol öz isleýän zadyna her neneň güýçli çekilse4
William Hendriksen, 1 and 2 Timothy and Titus (London: Banner of Truth,
1959), 36. Ditrih Bonhýoffere salgylanmany awtor alan çeşmesini görkezmän
getirýär. Bu adam Üçünji Reýh wagtynda Germaniýadaky gizlin ýygnagyň
ýolbaşçysy bolýar. 1945-nji ýylda ol soýuzdaşlaryň güýji onuň tussag edilen
ýerine gelip ýetmezinden öň faşistler tarapyndan jezalandyrylýar.
Resul Pawlus ýolbaşçylyk hakda 49
de, bu oňa öz postunda galyp, öz işi bilen meşgullanmaga päsgel
bermeýär“ — diýip, Ditrih Bonhýoffer ýazypdyr. Hut şu hem, täze
imana gelene kynlyk bilen başardýar. Bu ukyp diňe ösýän kämillik
we mydamalyk häsiýet bilen gelýär.
Kämilligiň alamaty — päk ruh we giç görüşdir. Mesih bilen
bolan duşuşygyň kömegi bilen Pawlus dar maňlaýly fanatikden
batyr ýolbaşça öwrüldi. Mesih Pawlusyň içinde ýaşamak bilen onuň
başgalara bolan söýgüsini güýçlendirdi, dünýägaraýşyny giňeltdi
we garaýyşlaryny berkitdi.
Mesihilik ýygnagynyň ýolbaşçysynyň ýokarda sanalyp
geçilen häsiýetleriniň wajyplygyny hatda dünýewi adamlaram
ykrar edýär-ler. Ine, mysal hökmünde harby komandiriň idealy
suratlandyrylýar: „Ol paýhasly derejede özüni saklaýan, sagdyn
pikirli, eserdeň, dözümli, akylly,pula gyzmazak bolmaly, juda ýaş
we juda garry bolmaly däl, mümkin boldugyça maşgalanyň atasy
bolmaly, ýerlikli hem abraýly gürlemegi başarmaly, şeýle hem,
gowy abraýly bolmaly“5.
Еger dünýewi jemgyýetde ýolbaşçylara şeýle ölçegler bilen
garaýan bolsalar, onda diri Hudaýyň ýygnagy öz ýolbaşçylaryny
has-da köp synamalar bilen saýlamaly.
5
Quoted in Barclay, Letters, p. 86.
7 — NJI BAP
Resul Petrus
ýolbaşçylyk hakda
Özleri ýaly ýaşuly, Mesihiň görgüleriniň güwäsi, görünjek şöhratyň şärigi bolan men araňyzdaky ýaşululardan
şulary haýyş edýärin: araňyzdaky Hudaýyň sürüsine
mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik
ediň. Olary biabraýçylykly gazanç üçin däl-de, isleg
bilen, özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly dälde, sürä görelde bolup, Hudaýyň isleýän ýolunda otladyň.
Şeýlelikde, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz şöhrat täjini
alarsyňyz. Siz ýaşlar hem, şonuň ýaly, ýaşululara tabyn
boluň. Baryňyz biri- biriňize garşy kiçigöwünliligi geýniň,
çünki Hudaý tekepbirlere garşy gidýändir, kiçigöwünlilere bolsa merhemet edýändir. Hudaý sizi öz wagtynda
beýgelder ýaly, Onuň güýçli elleri astynda pälleriňizi pes
tutuň. Ähli gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol
siziň gamhoruňyzdyr. 1 Petrus 5:1–7
P
etrus resullaryň arasynda ykrar edilen ýolbaşçydy. Ol näme
etse, beýlekilerem edýär, ol nirä gitse, beýlekilerem şol ýere gidýär.
Göçgünli häsiýeti zerarly, Petrusda ýalňyşlyk näçe diýseň bardy,
ýöne başgalara täsirini ýetirmekde onuň deňi — taýy bolmandyr,
adamlara ýolbaşçylyk etmekde oňa bäs gelip biljek bolmandyr.
Eger Petrusyň öz köpýyllyk tejribesinden peýdalanyp, ähli
döwürleriň ruhy ýolbaşçylaryna beren maslahatyna üns bersek,
onda dogry ederis.
“Hudaýyň sürüsine“ bolmalysy ýaly howandarlyk etmegiň
we onuň dogry iýmitlenmegine seretmegiň gerekdigini Petrus
duýdurýar (1 Petrus 5:2). Ruhy çopanyň esasy borjy şundan
Resul Petrus ýolbaşçylyk hakda 51
ybaratdyr. Resulyň sözlerinde Petrus Isany inkär edenden soň,
onuň Isa bilen eden söhbetdeşligini — ýatdan çykarmak mümkin
bolmadyk, Petrusy täzeden dünýä inderen we oňa özüni Isanyň
söýmegi we aladasyny etmegi dowam etdirýändigine bolan ynamy
täzeden beren söhbetdeşligi — duýmak bolýar (Ýahýa 21:15–
22). Resulyň birwagtky özüniň bolşy ýaly, Petrusyň haty ýazylan
„gelmişekleriň“ özleri mahrum edilmeler hem agyr synaglar
döwrüni başdan geçirdiler (1 Petrus 1:1). Petrus olary we olar
bilen bilelikde gaýgy etdi, şonuň üçin bu baradaky pikir bilen ruhy
çopanlara öz hatyny ýazdy.
Petrus resullyk işindäki professionalyň roluny özüne degişli
edip, okyjylaryna öz tejribesiniň ýokarlygyndan ýüzlenmeýär.
Has takygy özi-de, edil şolaryňky ýaly ýüki çekip, başgalar bilen
deň derejede zähmet çekýän işdeşiň pozisiýasyny eýeleýär. Ol,
şeýle hem, Mesihiň görgüleriniň şaýady, şowsuzlyklaryň kömegi
bilen kaýyl ýürekli bolan, soň hem, doly ýumrulyp, Mesihiň
Golgotadaky söýgüsi bilen tabyn edilen ýürekli bolan adam
hökmünde ýazýar. Petrus başgalara ýokardan aşaklygyna däl-de,
göni seredýän ýolbaşçydyr. Ruhy çopançylyk zähmeti ruhy çopanyň
ýüreginem talap edýär.
Ilkibaşdan Petrus ýolbaşçynyň motiwasiýasy hakda gürrüň
edýär. Ruhy ýolbaşçy öz işi bilen mejbury däl-de, höwes bilen
meşgullanmalydyr. Petrusyň döwründäki ýolbaşçylar, hatda iň
batyr ýüregi-de gorkuzmaga ukyply bolan kynçylyklara duş
geldiler, şeýle-de bolsa, resul bu kynçylyklardan gorkmaly we
gaçmaly däldigini aýdýar. Munuň üstesine-de, ýolbaşçylar diňe
bir borç duýgusy üçin däl-de, söýgi bilen zähmet çekmelidirler.
Ýygnaga ýolbaşçylyk etmeklik we täze imana gelenlere imanda
ösmäge kömek etmeklik şahsy isleglere ýa-da ymtylyşlara
eýermän, Hudaýyň halaýşy ýaly etmelidir. Şonuň ýaly gullugyň
nädip tapawutlanmalydygyny Barklaý takyk belleýär:
Resul Petrus ýolbaşçylara ýüzlenýär: „Öz halkyňyzy
Hudaýyň bakyşy ýaly bakyň“. Ysraýylyň Hudaý üçin
saýlanylan halk bolşy ýaly, biziň ýygnakda ýa-da başga bir
ýerde gulluk edýän adamlarymyz özümiz üçin saýlanylan
52
R uhy
ýolbaşçylyk
halk bolmalydyr, şonuň üçin olara bolan gatnaşygymyz
Hudaýyň gatnaşygyna gabat gelmelidir: biz olary Hudaý
biziň deregimize nähili bakardy diýip hasaplaýan bolsak,
şonuň ýaly bakmalydyrys. Bize nähili ajaýyp görnüş açylýar,
gullugyň nähili gowy idealy! Şol bir wagtyň özünde-de,
bu nähili ýazgarylma getirip biler! Biziň wezipämiz —
adamlara Hudaýyň sabyrlylygyny, Hudaýyň hemme zady
bagyşlamasyny, Hudaýyň söýgüsini, Hudaýyň çäksiz
gullugyň görkezmekdir1.
Reb özümizi çagyranda, biz özümiziň ýeterlik derejede gabat
gelmeýändigimizi duýýandygymyz sebäpli, boýun towlamaly
däldiris. Hiç kim şeýle pikir etmeli däldir. Musa özüniň
ýaramsyzlygyna salgylanmaga synanyşanda, Hudaý gaharlandy
(Çykyş 4:14). Geliň, göwnümize özümiz muňa ukyply däl ýaly
bolup görünýändigi sebäpli, özümizi ýolbaşçy hökmünde görkezme
mümkinçiliginden boýun towlamalyň.
Gulluk ünsi talap edýän wagtynda, ruhy ýolbaşçy pul hakda pikir
edip bilýän däldir. Petrus: „biabraýçylykly gazanç üçin“ işlemäň
(1 Petrus 5:2) diýip duýdurýar. Ýolbaşçylar ýygnak syýasatyny
tassyklamalydyrlar, býujeti işläp düzmelidirler we ilkinji derejeli
zatlary öňde goýmalydyrlar, hususyýetçilik bilen iş salyşmalydyrlar.
Eger ýolbaşçynyň maksatlaryň aňyrsynda şahsy bähbidi salgym
atýan bolsa, onda sanalan işleriň ýekejesem üstünlikli ýerine
ýetirilip bilinmez.
Pol Riziň pikir edişi ýaly, Petrusyň duýdurýan açgözlüligi
diňe bir pul meselesine däl, eýsem, meşhurlyga we baý ýaşaýşa
— käwagt juda gizlin synag bolup durýan maksatlara — hem
degişlidir. Bu nämä — şöhrata ýa-da baý bolmaklyga — degişli
bolsa-da, açgözlülik bilen ýygnaga ýolbaşçylyk etme düýbünden
bir ýere sygyşýan zat däldir2.
1
2
William Barclay, The Letters of Peter and Jude (Edinburgh: St. An­drews,
1958), 156.
Paul S. Rees, Triumphant in Trouble (London: Marshall, Morgan & Scott,
n.d.), 126.
Resul Petrus ýolbaşçylyk hakda 53
„Pula teşne bolanyňmy ýa-da öwgi gözleýäniňmi, haýsynyň
has erbetdigini men bilemok. Wagyzçy öz wagzyny ýumşadyp
we diňleýjiler göwnühoş bolar ýaly görnüşe salyp biler; beýleki
ulgamlardaky işçiler meşhurlyga dyrjaşyp, töweregindäkilerde çuň
täsir galdyrmany, öz hyzmatynyň minnetdarlykly ykrar edilmegini
gazanyp bilerler. Bu zatlaryň hemmesi biziň öz wezipämizi
başarmazlygymyza alyp barýar. Munuň ýaly gulluk mätäçliklere
we süriniň üstüne howp salýan howplara düşünmäge päsgel
berýär“3 — diýip, J. H. Jowett ýazýar.
Ýolbaşçy mesihi diktator bolmaly däldir: „özlerine tabşyrylanlara
agalyk etmän…“ (1 Petrus 5:3). Özüňi alyp barşyň hökümli
äheňi, jylawlap bolmaýan ulumsylyk, özüne çekiji ýöreýiş, garşy
çykylma ýol bermeýän ses — özüni Hudaýyň Oglunyň hyzmatkäri
hökmünde atlandyrýanyň roluna diýseň az gabat gelýän adamy
göz öňüne getirmegem kyn.
Ýolbaşçy töweregindäkiler öýküner ýaly, mynasyp görelde
bolmalydyr. Petrus: „… sürä görelde bolup…“ (1 Petrus 5:3)
diýip ýazýar. Bu sözler Pawlusyň Timoteosa beren maslahatyny
ýada salýar: „Gep-gürrüňde, ýaşaýyşda, söýgüde, Ruhda imanda
we tämiz ahlakda iman getirenlere görelde bol“ (1 Тimoteos
4:12). Petrus ýygnak ýolbaşçylaryna çopançylyk ruhunyň
gerekdigini öwredýär. Eger birden gullukçylar özlerine nähili
süriniň ynanylandygyny ýatdan çykarsalar, onda Petrus
olara ýatladýar: bu — Hudaýyň sürüsi. Isa baş Çopan, biz
bolsa Onuň kömekçileri we Onuň ýolbaşçylygy astynda
işleýän işdeşleridiris.
Еger Hudaýyň göwnünden turşy ýaly ýolbaşçylyk etmeli
bolsa, onda birek — birek üçin Hudaýa doga etmän bolmaýar.
Hindistandan bolan mukaddes ýepiskop Azariýa ýepiskop Stiwen
Nil bilen eden gürrüňdeşliginde özüniň giň ýeparhiýasyndaky
3
J. H. Jowett, The Epistles of Peter (London: Hodder & Stoughton, n.d.), 188.
Jouett (1863–1923), Angliýadaky Kongregasionalistik ýygnagyň gullukçysy,
Nýu — Ýork şäherindäki Bäşinji Awendäki Preswitrian Ýygnagynyň ruhy
çopanynyň gullugyny alyp bardy, ondan soň, Londondaky Westminster
Ýygnagynda Kempbella Morganyň ýerini eýeleýji boldy.
54
R uhy
ýolbaşçylyk
her bir ýolbaşçynyň adyny tutup, olar üçin Hudaýa doga etmäge
özünde her gün wagtyň tapylanyny aýdýar. Onuň Hindistanda
öz wezipesini eýelän otuz ýylynyň dowamynda ýeparhiýadaky
gullukçylaryň sanynyň üç esse artandygy we ruhy gullugyň
netijesiniň ep — esli ýokarlanandygy geň zat däldir4.
Ýolbaşçy „kiçigöwünliligi geýinmelidir“ (1 Petrus 5:5).
Sözlemde ulanylan işlik özüne ak gar kimin öňlügi dakyp görýän
guluň hereketini aňladýar. Bu bolsa aýada goşmaça many
berýär. Petrus süpürgiji alyp, öz jenabynyň aýagyny ýuwmakdan
boýun towlan şol gaýgyly gijesini göz öňünde tutýarmy?
Tekepbirlik beýleki ýolbaşçylary-da, gulluk etme şatlygyndan
mahrum edýän päsgelçilik bolup durýarmy? Tekepbirlik hemişe
ygtyýarlylygyň yzyndan ogrynça girýär, ýöne Hudaý tekepbirleri
gulluga höweslendirmeýär. Has takygy, Ol olara garşy durýar
we ýollaryna böwet goýýar. Emma ýüregi tabynlykda bolan
ýolbaşça Hudaý zähmet çekmek üçin güýç hem ak pata berýär.
5-nji aýatda Petrus ýolbaşçylary başgalara kiçigöwünlilik bilen
garamaklyga çagyrýar. Ýöne 6-njy aýatda ol olary Hudaýyň
öňünde pespäl bolmaga çagyrýar. Bu aýady Çarlz B. Uilýams
nähili düşündirýär: „Şeýlelikde, Hudaýyň güýçli eline kiçigöwünlilik
bilen tabyn boluň“.
Petrus öz taglymatynyň bu bölegini gökdäki sylagy ýatlamak
bilen jemleýär: „Şeýlelikde, Baş Çopan aýan bolanda, solmaz
şöhrattäjini alarsyňyz“ (1 Petrus 5:4). Sportsmeniň alan gülden
örülen täji solýar, hatda patyşa täji-de zeňleýär. Ýöne gökdäki
hazynalary ýerdäki amatlyklardan ileri tutýan mesihi üçin munuň
ýaly ýitgi gorkunç däldir.
Biz ýolbaşçy rolunda ýalňyzmy? Biz doly ýalňyzlykda
işleýärismi? „Asla, ýok“ — diýip, Petrus aýdýar. Gaýtam, biziň
ynjalyksyzlygymyzy we lapykeçligimizi Hudaýyň Özi paýlaşýar
4
Stephen Neill, On the Ministry (n.p., n.d.), 107–8.Ýepiskop Azariýa (1874–
1945) Hindistandaky iňlis ýygnagynyň ilkinji ýepiskopy boldy. 1903-nji
ýylda Tinnewelli şäherindäki missionerçilik Jemgyýetini ol esaslandyrdy. Ol,
şeýle hem, Hindistanda Hoş Habary ýaýratmak üçin Milli Missionerçilik
Jemgyýetini esaslandyryjylaryň biriniň rolunda çykyş etdi.
Resul Petrus ýolbaşçylyk hakda 55
hem-de teselli we kynçylyklardan dynç almany teklip edýär. „Ähli
gam-gussaňyzy Onuň üstüne atyň, sebäbi Ol siziň gamhoruňyzdyr“
(1 Petrus 5:7). Ýolbaşçy mesihi Hudaýyň sürüsiniň aladasy
güýç ýetmezek ýük bolar diýip gorkmaly däldir. Hudaý ýygnak
gullukçysynyň ruhy ýüküni Özüniň has uly, güýçli, giň hem berk
egnine geçirip, ony Öz üstüne almagy teklip edýär. Hudaý siziň
aladaňyzy edýär! Öz aladalaryňyzy goýuň!
8 — NJI BAP
Ýolbaşça zerur bolan
häsiýetler
Şoňa görä-de, gözegçi müýnsüz, diňe bir aýalyň äri,
hüşgär, sagdyn düşünjeli, gepi-sözi ýerlikli, myhmansöýer,
öwretmäge ukyply, şeraba höwesjen däl, igenjeň däl,
ýumşak, uruşdan gaçýan, haram gazanç etmeýän
bolmalydyr. Öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk
bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir. Kim öz öýüni
dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň
aladasyny nähili eder? Gözegçi ýaňy iman getireniň biri
bolmaly däl, ýogsa, tekepbirlik edip, iblisiň sezewar
bolan hökmüne sezewar bolmagy mümkin. Aýyplanjak
ýagdaýa, iblisiň duzagyna düşmez ýaly, ol ýygnagyň
daşyndakylar tarapyndan-da oňat diýip güwä geçilýän
adam bolmalydyr. 1. Тimoteos 3:2–7
I
sa Öz şägirtlerini meşgullanmaly bolan işine gaty gowy
taýýarlady. Ol Öz göreldesi bilen bolşy ýaly, tabşyryklary bilenem
öwretdi; okuw göni „ýüzugra“ geçirildi. Isa Öz şägirtleriniň
adaty okuw otagynda oturmagyny we aýdan zatlarynyň baryny
ýazyp almaklaryny talap etmedi. Isanyň ders beren mekdebi
durmuşyň özüdi: Onuň taglymatynyň prinsipleri we Onuň gymmaty
şägirtlere gündelik aladalaryň arasynda baryp ýetdi. Isa şägirtlerine
okuwy dowam etdirmäge mümkinçilik berdi (Luka 10:17–24), bu
bolsa olara özleriniň üstünlikleriniň we şowsuzlyklarynyň üsti bilen
öwrenmäge mümkinçilik berdi (Мк. 9:14–29). Оl şägirtler taýýar
bolanlaryndan soň, olara jogapkärçilik hem ygtyýar berdi. Isanyň
Ýahýanyň Hoş habarynyň 13–16-njy baplaryndaky taglymaty
okuwy tamamlan şägirtlere ajaýyp ugrukdyrma bolup durýandyr.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 57
Ýolbaşçylary taýýarlanyndan soň, Hudaý olara belli
bir ýere we takyk gulluga düşünmäni berýär. Okuwyň
usullary öňde goýlan wezipe bilen kesgitlenilýär, dogabitdi
we ruhy zehinler bolsa, aýdyň maksat bilen berilýär.
Gönükdirilen okuwsyz we Hudaý tarapyn berlen zehinsiz
hiç haçan beýle köp zady etmeýän Pawlus munuň mysaly
bolup durýar. Edil şunuň ýaly usul bilen Hudaý Adoniram
Jadsony Birmada ilkinji missioner bolmaga taýýarlady.
Ol bu tanymal ýolbaşça şu Aziýa ýurdunda Hoş Habary
wagyz edip başlamak üçin zerur bolan häsiýetleriň
hemmesini — kiçigöwünlilik bilen sazlaşýan özüne
ynamlylygy; paýhaslylyk bilen saklanylýan gaýraty; öz
bähbidini aramazlygy, batyrlygy we adamlary halas etmäge bolan
joşgunly islegi — berdi.
Маrtin Lýuteri gürleşmek aňsat bolan we öz pikirlerinde
şeýle sada adam hökmünde suratlandyrýarlar. Onuň şeýle az
zat bilen özünde ýaşaýşy saklaýşyny töweregindäkiler kellesine
getirip bilmändirler. Ony işjeň akyl, şadyýan degişgenlik, janly
gülki, akgöwünlilik we dogruçyllyk tapawutlandyrypdyr. Bu
zatlaryň üstesine-de, onda batyrlyk, berk ynamlylyk we Mesihe
bolan gyzgyn söýgi bolupdyr. Onuň adamlary polatdan-da gaty
wepalylyga ruhlandyrandygy geň zat däldir1.
Professor Gustaw Warnek Hytaýdaky ilkinji hoşhabarçyny aşaky
ýaly suratlandyrýar: „Imandan hem Mukaddes Ruhdan doly, Hudaýa
we Onuň çagyrşyna doly wepaly, özüni aýgytly inkär etme, doga
etmekde seýrek duş gelýän güýje eýe bolma, ajaýyp guramaçylyk
zehinli, gowşamazak tutanýerlikli we adamlara haýran galdyryjy
1
James Burns, Revivals, Their Laws and Leaders (London: Hodder &
Stoughton, 1909), 182. Маrtin Lýuter (1483–1546) esasan hem, özüniň
95 tezisini (ybadathananyň kabul eden pozisiýasyndan tapawutlanýan
Ýazga düşünýändiginiň tassyklamalaryny) 1517-nji ýylyň oktýabr aýynda
Wittenberg nemes şäheriniň ybadathanalarynyň gapylaryna asmakdan başlan
protestant Reformasiýa hereketiniň esaslandyryjysy hökmünde meşhurdyr.
Ozalam ýatlanylyp geçilen Adoniram Jadson (1788–1850), Birmadaky ilkinji
missionerleriň biri hökmünde giňden tanalýar.
58
R uhy
ýolbaşçylyk
ýagdaýda täsirini ýetirip bilme bilen tapawutlanýan adam, şol bir
wagtyň özünde-de, çaga ýaly juda ýönekeý“2.
Bu ruhy ýolbaşçylara Hudaý özleriniň çagyrylan missiýalaryna
gabat gelýän zehinleri hem sylaglary berdi. Beýleki adamlaryň
hemmesinden olary diňe okama we tertip — düzgün ýoly
bilen özlerini bagyş etme arkaly alan sylaglarynyň ýetiren
derejesi tapawutlandyrýar.
Tertip — düzgünlilik.
Bu wajyp häsiýet bolmasa, beýleki sylaglaryň hemmesi karlik
ýalydyr: olar gerim alyp, ösüp bilmeýärler. Hut şonuň üçin hem,
tertip — düzgünlilik biziň sanawymyzda birinji ýerde durýar.
Bütin dünýäde üstünlik gazanmak üçin ilki bilen öz — özüňi
tabyn etmek gerekdir.
Ýolbaşçy — bu daşardan gelýän tertip — düzgünlere
tabyn bolmagy öwrenen, şol sebäpdenem, özünde has berk
içki tertip — düzgüne tabyn bolma endigini döreden adamdyr.
Kimdir biriniň abraýyna garşy gozgalaň turuzýan, özüni tertibe
salmany ýigrenýän, berk tertiplerden gaçýan we pida edijilikden
boýun towlaýan adam ýolbaşçy roluna gabat gelmeýär.
Gullugy terk edýänleriň köpüsi ýeterlik derejede zehinli bolýarlar,
ýöne olaryň durmuşynyň aglaba bölegi Mukaddes Ruhuň
gatnaşmagynda we gözegçiliginde bolman geçýär. Ýalta hem
guramaçylyksyz bolan adamlar hiç haçan hakyky ýolbaşçylar
bolup bilmeýärler.
Ýolbaşçylyga dyrjaşýanlaryň ençesi şowsuzlyga uçraýarlar,
sebäbi olar hiç haçan başgalaryň yzyna eýermegi öwrenmändiler.
Olar köçede uruş oýnuny oýnaýan çagalara meňzeşdirler,
sebäbi olar bu oýny oýnanda, hiç hili hereketler görünmeýär,
ses we başagaýlyklar eşidilmeýär. Siz gyzyklanyp, olardan
wagtlaýyn ýaraşyk baglaşan baglaşmanyny soranyňyzda,
2
Gustaw Warnek (1834–1910) „missiologiýa“ adyny alan ylym ulgamyny
esaslandyryjy hökmünde bellidir. Ol Germaniýanyň Galla şäherinde 1896-njy
ýylda açylan uniwersitetiň missiologiýa kafedrasyna müdirlik etdi.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 59
olar: „Ýok-la, biziň hemmämiz bu ýerde diňe generallar,
sonuň üçin hem, bize hiç kim hüjüm etmegi buýruk berip
bilmeýär“ — diýip jogap berýärler.
Donald Barnhaus „Kim Amerikada kim bolýar“ sprawoçnigine
giren adamlaryň sanawynyň ortaça ýaşynyň ýigrimi sekizden az
ýaşy düzýändigini gyzyklanma bilen belleýär (ýurdy dolandyrmakda
esasy wezipeleri eýeleýän adamlaryň sprawoçnigine bary — ýogy
40 müň amerikaly girizilipdir). Kiçi ýaşdan tertip — düzgünli
bolmak, belli bir pidalary etmek bilen öňde goýlan durmuşy
ýumuşlary ýerine ýetirmäge esasly taýýarlanmak beýik derejelere
ýetmäge ýol taýýarlaýandyr3.
Belli döwlet işçisi ýurtda wakalaryň joşgunly ýaýbaňlanmasyny
döreden sözler bilen çykyş etdi. „Aýtsaňyzlaň, siz bu çykyşa köp
wagtlap taýýarlandyňyzmy?“ — diýip, höweslenen diňleýjileriň
biri soraýar.
„Вütin ömrüme“ — diýip, ol jogap berýär.
Eger ýaş ýigit häsiýeti boýunça ýolbaşçy bolsa, onda ol
başgalar wagtyny boş geçirýärkäler zähmet çeker, başgalar
sapakda hor çekýärkäler okar, başgalar nämedir bir zadyň
arzuwyny eden wagtynda, doga eder. Ol hereketlerinde,
pikirlerinde ýa-da geýnişinde hereketsizlige ymtylmadan
saplanar. Geljekki ýolbaşçy dogry iýmitlener, göwresini
dogry tutar, özüni aňsat bolmadyk söweşde berk durmaklyga
taýýarlar. Ol beýlekileriň boýun towlan ýakymsyz ýumşuny
ýa-da beýlekileriň jemgyýetiň goldamazlygyndan heder edip,
gaça duran jogapkärçiligini öz üstüne höwes bilen alýar.
Mukaddes Ruh onuň durmuşyny doldurdygyça, ol kyn ýagdaýlardan
gaça durmazlygy we eglişiksiz söhbetdeşiniň öňünde müzzermezligi
öwrenýär. Ol ýumşaklyk, ýöne aýgytlylyk bilen zerurlyk ýüze
çykanda, käýinç berýär, Reb üçin üstünlikli zähmet çekmek üçin,
eger gerek bolsa, ýerlikli jeza hakda karara gelip biler. Ol çözgüdi
3
Donald Greý Barnhaus (1895–1960) Filadelfiýa şäherindäki Onunjy
Preswiterian ybadathanasynyň ruhy çopany bolmazyndan öň, Belgiýada we
Fransiýada işledi. Ol gaty köp işleri ýazdy, „Ylham“ we „Bakyýet“ ýaly
žurnallaryň redaktory boldy.
60
R uhy
ýolbaşçylyk
soňa goýman, ilki bilen iň kyn ýumuşlary ýerine ýetirmäge çalyşýar.
Ol şeýleräk doga edýär:
Hudaýym, özüme,
Öz durmuşyny mydama ýeňilleşdirmäge çalyşýan,
Arz ediji sesli bu gorkaga, berk daramagyma kömek et
Meniň özüm — özümiň mekir dönügim.
Özümiň iň erbet dostum.
Özümiň ganym duşmanym,
Nirä gitsem, öz ýolumdaky päsgelçiligimdirin4.
Hytaýyň Içeri Missiýasynyň britan direktory we Angliýa
Kesuik Konwensiýasynyň başlygy Fred Mitçelden köp wepaly
bolan we ak ýürekli ýazgarmalary çykarmakda we gürrüňdeşlikde
arassa gürleşegen bolan adam gaty azdyr. Häsiýeti boýunça
duýgur hem akgöwünli bolan bu adam ýakymsyz söhbetdeşlikden
gaça durmaga çalyşmandyr. Gürrüň edende, ol öňünden gowuja
doga edip, mydama söýgä esaslanypdyr. Ýöne diňleýjileri onuň
sözlerine baha bermäge we kabul etmäge mydama taýýar
bolmandyrlar. Özüniň Hudaýyň işine wepalylygynyň ýakyn
dostuny ýitirmeklige alyp baranda, nähili hasratlaryň içinden
geçmeli bolandygyny Fred bir gezek boýun aldy. Ýyllar geçdigiçe
Fred kimdir biri bilen gürleşmezinden öňürti, wagtyny doga
edip köp geçirýärdi. Jezalandyrma bilen baglanyşykly meseläni
çözmek ýa-da kimdir biriniň ymtylyşlaryna garşy gitmek gerek
bolan ýagdaýlarynda onuň hat ýazyp, haty belli bir wagtlyk
soňraga süýşürip goýan wagtlaram az bolmandyr. Käwagt
birnäçe gün geçenden soň, haty gaýtadan okap, onda hemme
4
Christian Literature Crusade, Fort Washington rugsat bermegi bilen ulanyldy.
Ra. Emi Uilson Karmaýkl (1867–1951), Hindistandaky missioner, zalym
daramalardan ejir çekýän çagalara kömek etmek üçin Donaşpur zenanlar
jemgyýetini esaslandyrdy. Irlandiýada doglan, ol Kesuik Missionerçilik
Jemgyýetiniň goldan ilkinji missioner zenany boldy. Ol elli alty ýylyň
dowamynda gullugyny üznüksiz alyp bardy we bu döwrüň dowamynda otuz
bäş kitap ýazdy.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 61
zadyň ýerbe — ýerdigine göz ýetirýär-de, diňe şondan soň,
haty kime ýazan bolsa, şoňa ýollaýar. Eger ony nämedir bir
zat kanagatlandyrmaýan bolsa, ol garalamany ýok edip,
haty täzeden ýazýar5.
“Dünýäni gazanmak“ hereketini esaslandyryjy Tomas
Kohreýnden interwýu alanlarynda, oňa: „Siz nähili pikir
edýärsiňiz, sizde missionerlik işiniň haýsy görnüşine aýratyn
çagyryş bar?“ diýen soragy berdiler. Bu soraga Tomas Kohreýn:
„Men diňe öz gullugymyň beýleki gulluklaryň hemmesinden
agyr bolmagyny arzuw etmegiň gerekdigini bilýärin“ —
diýip jogap berdi. Ine, bu hakyky tertip — düzgünli adamyň
beren abraýly jogabydyr!
Ine, Litton Streýçi Florens Naýtingeýli nähili suratlandyrýar:
Onuň Uskýudardaky bulam — bujarlygyň höküm sürýän
keselhanalaryny tertibe salmagynyň, öz serişdelerinden iňlis
goşunyny eşik bilen üpjün etmeginiň, kejir, höwessiz eglişik
edýän ýolbaşçylara göze görnüp duran täsir etmeginiň
girewi ýumşaklyk we zenan gaýduwsyzlygy bolmandy.
Ol bu zatlaryň hemmesine berk çäreler, gazaply tertip —
düzgün, ownuk — uşaklyklara ýokary üns berme, dyngysyz
zähmet, güýçli erkiň berk aýgytlylygy bilen ýetdi. Onuň
asuda hem pessaý häsiýetiniň aňyrsynda joşgunly hem
gyzgyn ýalyn gizlenýärdi6.
5
6
Phyllis Thompson, Climbing on Track (London: China Inland Mis­
sion,
1954), 116.
Florens Neýtingeýl (1820–1910) Krym urşy wagtyndaky hereketleri bilen
öz adyny ebedileşdirdi. Mundan başga-da, ol syrkawlara seredýän döwrebap
instituty esaslandyryjy boldy. Gurply italian maşgalasynda doglan, bu
zenan on ýedi ýaşyndaka, Hudaýyň gulluga çagyrşyny eşidýär-de, gelip
çykyşynyň artykmaçlygyndan we maşgala baýlygyndan ýüz öwürýär. Onuň
Uskýudardaky (Türkiýe) gullugy adaty bolmadyk pes göwünliligi bilen
tapawutlandy, bu ýerde ol britan goşunyna kömek etdi. Emma ömrüniň
soňky dört onýyllygynda ol, ähli gatnaşyklardan gaça durup, ýekelikde
bolmagy gowy gördi.
62
R uhy
ýolbaşçylyk
Beýik metodist wagyzçysy we Kliff Kollege okuw jaýynyň
müdiri Samýuel Çedwik öz nesliniň adamlaryna ullakan
täsir ýetirdi. Her gün ol irden altyda turup, tomus ýa gyş
bolsa-da, sowuk suwa düşýär. Onuň iş otagynyň çyrasy
mydama diýen ýaly, gije sagat ikä çenli ýanyp durýardy.
Beýle rehimsiz režim onuň gazaply içki tertip — düzgüniniň
daşky beýany bolupdy7.
Jorj Uaýtfild bütin ömrüniň dowamynda daňdan
sagat
dörtde
turupdyr,
agşam
sagat
onda
hem
ýatypdyr. Agşam onuň öýünde kim myhmançylykda bolsada, ol kim bilen söhbetdeşlik edýän bolsa-da, sagadyň
dili „10“ bellige baranda, ol ýerinden turup, dostlaryna
mylaýymlyk bilen ýüzlenip: „Onda näme, jenaplar, hormatly
raýatlaryň hemmesine öýli — öýüne dargamanyň wagty
boldy“8 — diýipdir.
Barklaý Bakston Ýaponiýada hemmeleri mesihilik gullugynda bolşy ýaly, işde-de tertip — düzgünli bolmaga
çagyrypdyr. Bu Mukaddes Kitaby okamakda, doga
etmekde, gazanjyň ondan birini bermekde, wagtyňy
ulanmakda, dog-ry iýmitlenme, fiziki maşklar we
gowuja uklama arkaly saglygyňy saklamakda yzygiderli
bolmagy göz öňünde tutulypdyr. Islendik tapawutlara
garamazdan, beýleki mesihiler bilengatnaşykdaky
tertip — düzgün hem şu ýere giripdir. Onuň öz
durmuşynda ýola goýan tertip — düzgüni we onuň edil
şunuň ýaly tertip — düzgünlere çagyryşy tejribäniň
netijesi boldy9.
7
8
9
N, G. Dunning, Samuel Chadwick (London; Hodder & Stoughton, 1934), 15.
Samýuel Çedwik 1860-njy, 1932-nji ýyllar aralygynda ýaşady.
J. R. Andrews, George Whitefield (London: Morgan & Scott, 1915), 410–11.
Getirilen salgylanmada gürrüňi edilen Barklaý Bakston (1860–1946), kyrk
alty ýyllap Ýaponiýada missioner bolup işledi.
World Vision, January 1966, 5.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 63
Birnäçe mesihileriň terjimehallaryndan alnan bölekler
näbelli awtoryň goşgusynyň manysyny şöhlelendirýändigi göze
görnüp durandyr:
Вeýiklere ebedi degişli bolan belentlikleri,
Okdurylyp uçanlar boýun egdirmedi:
Веýlekiler ýatyrka, beýik adam,
Gijäň içinde öňe gider, agyr zähmet — onuň ykbalydyr.
Ýolbaşçy özüniň tertip — düzgünliligi bilen tapawutlananda,
töweregindäkiler muny duýýarlar, şonuň üçin olar, düzgün bolşy
ýaly, öz üstlerine ýüklenilen tamalary ödeýärler.
Tertip — düzgünlilikde ýygy — ýygydan ýatlanylmaýan ýene
bir jäht bar. Biz başgalara bermäge taýýar bolşumyz ýaly, almagada taýýar bolmalydyrys. Käbir gullukçylar özleriniň işine şeýle bir
pida edijilikli garaýarlar welin, olar hatda özlerini pida etmägede taýýar bolýarlar, ýöne özlerine şonuň ýaly tölenilmegi bilen
ylalaşmaýarlar. Olar özlerini kimdir birine borçly ýaly duýmagy
islemeýärler. Şeýle-de bolsa, adamlara ýolbaşçylyk etmeklik
töweregiňizdäkilere açyk bolmagyňyzy talap edýär. Eger siz
özüňize teklip edilen kömekden ýüz öwürseňiz ýa-da kimdir biriniň
ýagşylyk etme islegini äsgermezçilik etseňiz, onda beýle etmek
bilen özüňizi başgalardan aýratyn edip goýýarsyňyz, başgalary
gulluk etme mümkinçiliginden mahrum edýärsiňiz we öz — özüňizi
wajyp goldawdan mahrum edýärsiňiz.
Ýepiskop Uestkott ömrüniň ahyrynda bagyşlap bolmajak
ýalňyşlygy goýberendigini boýun aldy. Ol bütin ömrüne
başgalara işjeňlik bilen kömek edipdir, ýöne başgalaryň özüne
kömek etme synanyşygyny rehimsizlik bilen kesipdir. Munuň
netijesinde onuň durmuşynda dostlukly gatnaşyklaryň we
töweregindäkileriň aladaçyl goldawy bilen dolduryljak birhili
boşlugy galypdyr10.
10
Bruk Foss Uestkott (1825–1901) Fenton Hort bilen bilelikde „Täze Ähtiň grek
dilindäki asyl nusgasy“ neşiriniň üstünde ýigrimi sekiz ýyllap işledi (1881).
Onuň Mukaddes Kitaba beren teswirlemeleri şu güne çenli-de ulanylýar.
64
R uhy
ýolbaşçylyk
Görnüş
Öz döwründe beýlekilere garanda, dünýä täsirini köp ýetirip bilen
adamlar görnüş görüpdirler — olar beýlekilerden köpräk hem
uzagrak görüpdirler. Olar iman adamlary bolupdyrlar, sebäbi iman
görnüşdir. Ähli döwürleriň we halklaryň iň beýik ýolbaşçylarynyň
biri bolan Musa hakda: „Görünmezi göreni üçin berk durdy“
(Ýewreýler 11:27). Musanyň imany özüne görnüş berdi. Elýaşa
pygamberiň hyzmatkäri şäheri gurşap alan ummasyz goşuny
görýär, emma Elýaşa şol wagt özlerini goramak üçin Rebbiň
iberen goşunyny görýär (2 Patyşalar 6:17). Elýaşanyň imany
oňa görnüş berdi.
Powhatten Jeýms şeýle ýazypdyr:
Hudaýyň adamy garaýşy bilen ruhy zatlaryň içine çuň
aralaşmalydyr. Ol daglaryň atlardan we otly at arabalaryndan
doluşyny görmelidir; ol Hudaýyň barmaklarynyň aňyň
diwaryna ýazan zadynyň nämäni aňladýanyny düşündirip
bilmelidir; ol döwürleriň alamatlarynyň ruhy manysyna
düşünmelidir; ol material zatlaryň tutusyny galdyryp,
ölümli adamlara Hudaýyň rehiminiň tagtyny gurşap
duran ruhy beýikligi görmäge mümkinçilik bermegi
başarmalydyr. Hudaýyň adamy özüne dagda ýazylyp
berlen hakykatlary berk durup tassyklamalydyr: ol
özüne ylham adasynda berlen görnüşi paýlaşmalydyr…
ruhy görüşiň bolmasa, ruhy hadysalaryň manysyna
aralaşma ukybyň bolmasa, sanalyp geçilenleriň hijisinem
edip bolmaýar11.
Gündogar Missionerçilik Jemgyýetini esaslandyran Çarlz
Kouman ruhy görnüşe eýe bolupdyr. „Ol özüniň bütin ömrüne
mähelläniň gözüne görünmeýän zady görene, öz döwürdeşleriniň
11
Powhatten James, George W. Truett (Nashville: Broadman, 1953), 266. Jorj
Truett 1867 — 1944 ýyllarda ýaşap geçdi.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 65
köpüsinden has gowy hem has giňräk görene meňzeýär. Ol uzaga
gidýän gözýetimli adam bolupdy“12.
Çuňlugy görme başarnygyndan başga-da, görnüş uzakdan
görmekligi-de öz içine alýar. Prezident Mak — Kinliniň ajaýyp
abraýy azda — kemde onuň ýere gulagyny goýup, ýakyn geljekde
nämäniň boljagyny eşidip bilme ukybyna esaslanypdyr. Ol özüniň
eşitme ukybyny görüşe öwürdi: ol öňde nämäniň ýatanyny görüpdir.
Ýolbaşçy öz ulanýan strategiýasynyň hem usullarynyň ahyrky
netijelerini görmäge ukyply bolmalydyr. Jogapkärçilikli ýolbaşçylar
mydama öňi görmäge — öz hereketleriniň geljekki nesillerde nähili
şöhlelenýänini göz öňüne getirmäge — çalyşýarlar.
Вeýik missionerler — ilkinjiler — şonuň ýaly görnüşe
eýe bolupdyrlar. Uilýam Keri, öz işdeş wagyzçylary üçin ýer
şary ýygnak binasynyň serhetleriniň geçýän ýerinde gutarýan
wagtynda, öz öňünde bütin ýer şaryny görýär. Genri Martin tutuş
musulmançylyk dünýäsini — Hindistany, Parsy we Arabystany —
görýär, bu wagtda onuň ýurdundaky ýygnak ähmiýetsizje ylahy
tapawutlar babatda güýçli jedelleşýärdi. A. B. Simpson barada:
„Onuň bütin ömrüniň zähmeti öz işdeşleriniň tagalla edeniňe deger
ýaly zat görmedik ýerinde ýeke işlemeginde jemlenendi“ diýýärler.
Müsürde zähmet çeken Duglas Tornton bilen gürleşende,
işdeşleriniň biri:
— Тоrnton, siz meniň tanaýan adamlarymyň hemmesinden
tapawutlanýarsyňyz. Siz mydama hemme zadyň näme bilen
gutarjagyna garaýarsyňyz. Adamlaryň köpüsi, şol sanda menem,
soňky netijede ünsi jemländen, ýöne bir indiki ädimi ädenini gowy
görýär — diýýär.
12
Lettie B. Cowman, Charles E. Cowman (Los Angeles: Oriental Mis­
sionary Society, 1928), 259. Çarlz Kouman 1901 — nji ýylda häzir „OMS
International“ ady bilen belli bolan Aziýa Missionerçilik Jemgyýetini
esaslandyrdy. Letti Kouman „Çöldäki akymlar“ atly, ähli döwürlerdäki meşhur
mesihilik eserleriniň biriniň awtory. Göni şu salgylanmadan soň ady tutulan
Uilýam Mak — Kinli (1843–1901) ABŞ-nyň 25-nji prezidenti boldy. Ol Nýu
— Ýork ştatynyň Buffalo şäherinde janyna kast edilen wagtynda, atylan okuň
salan ýarasy sebäpli aradan çykdy.
66
R uhy
ýolbaşçylyk
— Näme diýseňizläň, meniň özüm-ä, öz zähmetimiň maksadyna
nazarymy gönükdirip alýan yzygiderli ruhlanmam bolmasa,
şeýle ýadawsyz zähmet çekmegi dowam etdirip bilmezdim diýip
hasaplaýaryn — diýip, Tornton jogap beripdir13.
Duglas Torntona ideal, görnüş aşa zerur bolupdyr. Onsuz
Duglas özünde iş üçin güýç tapmaga ukyply bolmandyr. Onuň
garaýyşlarynyň giňligi we maksatlarynyň özüne çekijiligi şunuň
bilen hem düşündirilýär.
Seredýän gözlerde kemçilik ýok; görýän gözler mydama duş
gelip duranok. Fariseýler Petrusa seredenlerinde, özleriniň öňünde
bary — ýogy gaýtadan seretmäge-de mynasyp bolmadyk sowatsyz
balykçyny görýärler. Ýöne Isa Petrusda pygamberi we wagyzçyny,
mukaddes adamy we bütin dünýäni özgertmäge öz goşandyny
goşan ýolbaşçyny gördi.
Görnüş optimizm bilen umydy göz öňünde tutýar. Pessimist
her mümkinçilikde kynçylygy görýär. Optimist her kynçylykda
mümkinçiligi görýär. Pessimist görnüş alan adamlary öz maksadyna
ýetmekden saklamaga meýilli bolýar. Seresaplylygam, öz roluny
oýnaýar. Seresap adam optimistik meýilli ýolbaşça has hakyky
bolmaga kömek edip bilýär. Biziň hemmämizem, çäklendirmeleriň
hereket edýän we kimdir birini ýa-da nämedir bir zady süýşmäge
mejbur etmek üçin tagalla etmek gerek bolan dünýäde ýaşaýarys.
Seresap mesihiler özleri üçin taryhdan we adatlardan gymmatly
sapaklary özleşdirýärler, ýöne olar geçmişe ýapyşyp galma
13
W. H. T. Gairdner, Douglas M. Thornton (London: Hodder & Stoughton, n.d.),
80. Duglas Tornton (1873–1907) Talyplyk Meýletin Missioner Soýuzynyň
ýanynda bilim boýunça konsultant wezipesini eýeledi (Student Volunteer
Missionary Union). Ýokarda ýatlanylyp geçilen Genri Martin (1781–1812),
Deýwid Breýneriň gündeligini okandan soň, şeýle ruhlanyp, ömrüniň galan
bölegini missionerçilik zähmetine bagyş etme kararyna geldi. Ol Ost —
Ind kompaniýasyndan Bengalda ruhany bolup, Täze Ähti hindustani diline
terjime etdi.. Аlbeýt Benjamin Simpson (1844–1915) Hoşhabar Missionerçilik
Soýuzyny (Evangelical Missionary Alliance), soň hem, Mesihilik —
Missionerçilik Soýuzyny (Christian and Missionary Alliance) esaslandyrdy,
şeýle hem, ýetmişden gowrak kitap ýazdy.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 67
howpuna duçar bolýarlar. Öz öňünde kynçylygy aýdyň görýän,
olary ýeňip geçme ýoluny görüp bilmeýän adam başgalara görnüş
bermäge ukyply däldir.
Brauning batyr ruhybelent adamy, ine, nähili suratlandyrýar:
Howpdan hiç haçan ýüz öwürmedik,
Ýöne hemişe batyrlyk bilen öňe ýörän adam,
Bulutlaryň dargajagyna şübhelenmeýär,
Hatda dogry adamlar ýeňlende-de,
Ýeňşiň imansyzlara ýetdirjekdigi hakda,
Hiç haçan pikirem etmedi.
Görnüş gören adam gaýduwsyz hereketlere ukyply bolýar,
taryh bolsa, mydama yhlasly imanyň tarapyndadyr. Görnüş alan
adam iman bilen öňe batyrgaý ädimleýär, ýaplara we uçut gaýalara
seretmeýär, özüni tötänliklerden howpsuzlandyrmaga çalyşmaýar,
ýöne oýlanyşyksyz töwekgelçilige-de gitmeýär. Arhiýepiskop
Moulla hakda şeýle ýazypdyrlar:
Оnuň beýikligini tapawutlandyrýan tarapy hiç haçan öz döwri
üçin aşa öňde bolmandygyndadyr, ýöne hiç haçan döwründen
yza hem galmandygyndadyr. Ol mydama azajyk, başgalary
yzy bilen alyp gidip bilmäge ýeterlik aralykda öňde bolýardy.
Ol hemişe öz öňünde açylýan täze gözýetimleri görýärdi.
Adamlaryň köpüsiniň wakalaryň öz akymy bilen gitmegine
ýol bermäge meýilli bolan ýaşynda, ol haýran galdyryjy
ýagdaýda täze ideýalary we proýektleri duýup bilýärdi14.
Ýolbaşçylar geçmişden sapak almagy başarýarlar, ýöne olar
eýýäm bolan zady gaýtalajak bolup, hiç haçan hem, geljegi gurban
etmeýärler. Görnüş alanlar geljek babatda ölçerilip dökülen kararlary
kabul etmegi başarýarlar, ýöne geçmişi hiç zat edip bilmeýärsiň.
14
Marcus Lane, Archbishop Mowll (London: Hodder & Stoughton, 1960),
202. Goward Uest Kilwington Moull (1890–1958) Kanadada, Hytaýda we
Sidneýde (Awstraliýa) iňlis ýygnagynyň ýepiskopy boldy.
68
R uhy
ýolbaşçylyk
Maksatsyz görnüş hasylsyz arzuwlara alyp barýar.
Görnüşsiz maksat peýdasyz adaty işlere alyp barýar.
Görnüş bilen bilelikdäki maksat — missionerlik üçin
esasdyr15.
Akyldarlyk
„Akyldarlyk — bu bilimi dogry ulanma ukybydyr, bu öňden
görüjiligiň, pähimliligiň, uzakdan bilijiligiň we şulara meňzeş
häsiýetleriň sazlaşygydyr... Mukaddes Ýazgyda akyldarlyk
hökmünde adalatly höküm çykarylma, ruhy hakykatlara we ahlak
kadalaryna üns bermeklige düşünilýär“ (Uebster).*
*Аwtor XIX asyryň başlaryndaky amerikan leksikografy
N. Uebsteriň, adyny göterýän iňlis diliniň meşhur düşündiriji
sözlükleriniň birine salgylanýar. — Terjimeçiniň belligi.
Еger bilim — bu faktlaryň toplumy, akyl hem, olaryň üstünde
pikirlenme ukyby bolýan bolsa, onda akyldarlyk — bu ýokardan
sowgat berlen düşünme ukybydyr. Bu predmetleriň we hadysalaryň
çuňlugyna garamakdyr. Akyldarlyk Hudaýyň bilimini we adam
psihologiýasynyň bilimini göz öňünde tutýar. Akyldarlyk bilimden
ýokary bolany üçin ahlak hem ruhy hakykatlaryň bilimini,
çylşyrymly çekeleşmeleri çözme ukybyny, adam gatnaşyklary
bulaşan ýagdaýynda gepleşikler geçirme ukybyny dogry ulanmagy
aňladýar. „Akyldarlyk togsan göterim öz wagtynda akyldar bolma
ukybyndan durýandyr. Biziň köpimiz „eýýäm giç bolandan soň, aşa
akyldar bolýarys“ — diýip, Teodor Ruzwelt aýdypdyr16.
Akyldarlyk ýolbaşça deňagramlylygy saklamany berýär
we egoistik hem oýlanyşyksyz hereketlerden gaça durmaga
kömek edýär. Eger bilime okuw arkaly ýetilse, onda akyldarlyk
Mukaddes Ruhdan dolma arkaly berilýär. Mundan soň ýolbaşçy
15
16
Dunning, Chadwick, 20.
Theodore Roosevelt, in B. Matthews, John R. Mott (London: S.C.M. Press,
1934), 355. Теоdor Ruzwelt (1858–1919) ABŞ-nyň 26-njy prezidenti boldy.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 69
özünde bar bolan bilimlere dogry ygtyýar edip başlaýar. Irki
ýygnakdaky ýolbaşçylara, hatda ikinji derejedäki ýolbaşçylara-da,
bildirilýän talaplaryň biri olaryň akyldarlykdan doly bolmagydy
(Resullaryň işleri 6:3).
Bilim bilen akyldarlyk şol bir zat bolmany üçin,
Köplenç asla meňzeş däldirler. Bilim
Başga adamlaryň pikirlerinden doly aňda bolýar;
Akyldarlyk öz pikirine diň salýan adamlaryň aňynda
bolýar.
Bilýän adam şeýle köp öwrenenine guwanýar,
Akyldar adam entek köp zady bilmeýänine düşünip,
kiçigöwünli bolýar.
(Аwtory näbelli)
D. Ýe. Houst ýolbaşça akyldarlygyň näderejede wajypdygyna
gaty gowy düşünipdir:
Кimdir biri özüniň ýokary derejesiniň esasynda soňkynyň
pikirlerini we delillerini äsgermezçilik edip, başga birinden
tabynlygy talap etse, onda bu zalymlyk ruhudyr. Başga bir
tarapdan özara düşünişme we edepli ugur arkaly doga etme,
ruhy güýç hem sagdyn akyldarlyk bilen kimdir biri başga
birine täsirini ýetirip, oňa ýagdaýlara täzeçe düşünmekligi
bermäge ukyply bolsa, täze düşünjäni alan adam hem, öz
pikirleriniň we delilleriniň üsti bilen öz ugruny üýtgetme we
başgaça hereket etme kararyna gelse, onda biz hakyky ruhy
ýolbaşçylyk bilen iş salyşýandyrys17.
Pawlusyň Kolosedäki mesihiler üçin eden dogasy mydama biziň
dillerimizde bolmalydyr: „…bütin akyldarlyk we ruhy düşünjede
Hudaýyň isleginiň bilimi bilen dolmagyňyzy dilemegiň yzyny
üzmeýäris“ (Коloseliler 1:9).
17
Phyllis Thompson, D. E. Hoste (London: China Inland Mission, n.d.), 155.
70
R uhy
ýolbaşçylyk
Aýgytlylyk
Gaýragoýulmasyz we aýdyň çözgütler hakyky ýolbaşçyny
tapawutlandyrýar. Görnüş alan adam öňdäkini uzakdan görýär,
ýöne ýolbaşçy karar kabul etmelidir. Göçgünli häsiýetli adamyň
ilkinji derejeli zatlary ýerinde goýmakda howlukmagy mümkin,
ýöne ýolbaşçy hemme ýagdaýlary ölçerip — döküp, sagdyn
pikirlenmeler esasynda karara gelmelidir.
Ruhy ýolbaşçy özüniň Hudaýyň islegi boýunça hereket
edýändigine düşünen badyna, nähili netijeleriň boljakdygyna
garamazdan, şobada hereket edip başlaýar. Öňde goýlan maksada
eýerende, ýolbaşçy hiç haçan töweregine garanjaklamaýar we
planlary başa barmadyk ýagdaýynda ulanar ýaly, wariantlary
sanamaýar. Hakyky ýolbaşçy şowsuzlygyň günäsini gol
astyndakylaryň üstüne asla ýüklemeýär.
Ybraýym Sodom we Luty halas etme baradaky wakada
özüniň tiz hem aýdyň karara gelip bilýändigini subut etdi (Gelip
çykyş 14). Ybraýym özüniň Luta bolan gatnaşyklarynda ruhy
ýolbaşçynyň hem işjeň, hem gowşak taraplaryny görkezdi. Özüniň
bähbidini asla gözlemän, ol gowy örüleri saýlama hukugyny Luta
berdi (Gelip çykyş 13). Şeýle etmek bilen ol özüniň kiçigöwünli
takwalygyny görkezdi. Sodom goşunynyň çym — pytrak
edilmeginiň netijesinde Luty ýesir edip alanlarynda (Gelip çykyş
14), Ybraýym derrew aýdyň başlangyçlary görkezip, ýegenini
halas etmek üçin aýgytly hereketleri etdi. Ol uly batyrlyk bilen
duşmana garşy göreşdi we garşydaşynyň artykmaçlyk edýän
güýjüniň üstünden ýeňiş gazandy. Ol şeýle etmek bilen öz
imanynyň hakykylygyny görkezdi.
Мusa özüniň Müsürdäki häkimliginden ýüz öwrende, özüni
ýewreý gullary we olaryň paýyna düşen görgüler bilen deňeşdirende,
Ysraýylyň ýolbaşçysy boldy (Ýewreýler 11:24–27). Ol bu kararlara
dowamly oýlanmalaryň netijesinde gelmedi. Musanyň imany hut
şunda hem ýüze çykdy.
Resul Pawlus toba eden badyna beren ilkinji soragy: „Ýa
Reb! Men näme etmeli?“ (Resullaryň işleri 22:10) diýen sorag
bolupdy. Pawlus özüne Mesihiň hudaýlyk tebigaty açylan badyna,
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 71
ikirjiňlenip durman, herekete başlady. Ýagtylyk alan adam öňe
gitmelidir. Pawlus öz missiýasynyň nämede jemlenenini bilip, ony
ýerine ýetirmäge girişdi.
Rimlilere hatyň 11-nji babynda getirilen mukaddesleriň sanawy
görnüşi we aýgytlylygy öwrenmäge gaty gowy gabat gelýär. Ol
adamlar görnüş aldylar, maksada ýetmek üçin tölemesi gerek bolan
bahany hasapladylar, karara geldiler we hereket etmäge başladylar.
Taryhyň dowamynda beýik missionerlerem şeýle etdiler. Uilýam
Keri Ketteringde görnüş görüp, Hindistana gitme kararyna geldi,
ýogsam, munuň ýaly syýahat häzirlikçe aňyrsyna göz ýetmeýän
diwaryň gözýetiminde diňe haýbat atyjy bolup görünýärdi. Deýwid
Liwingston Dumbartonda görnüş görüp, belli karara geldi, soň ýüze
çykan kynçylyklary ýeňip, Afrika ugrady18. Munuň ýaly adamlaryň
planyny hiç hili ýagdaýlar bozup bilmez, hiç hili kynçylyklar olary
yza çekilmäge mejbur edip bilmez.
Ruhy ýolbaşçy karara gelme gerek bolan wagtynda, haýalýagallyk
edip durmaz, karara eýýäm gelnenden soň, ikirjiňlenip durmaz.
Topragy zond bilen gowşak barlanyňdan, „barlag şarlaryny“
ulanandan, aýgytsyz hereketsizlikden, ýalňyş bolsa-da, çyn
ýürekden gelnen karar gowudyr. Gelnen karary ýatyrmak bar bolan
ýagdaý bilen ylalaşmagy aňladýar. Gelnen kararlaryň köpüsinde
esasy zat näme etmelidigini bilmekde däl-de, gelnen kararyň
netijesi bilen ýaşamakdadyr
Çarlz Kouman maksadaokgunly adam hökmünde belli
bolupdyr. Onuň gözleri mydama bir beýik wezipä dikilgi
bolupdyr. Onuň üçin görnüş hereket etme planyndaky ilkinji
ädim bolupdyr. Ol nähilidir bir proýekte başlama mümkinçiligini
duýan badyna, täze başlangyjyň üstündäki iş doly gidişde gidip
başlaýança köşeşmändir.
18
Deýwid Liwingston (1813–1873) ýigrimi ýaşynda pagta egiriji fabrikde
işläp başlady, grek dilini, ylahyýeti we medisinany özbaşdak öwrendi. 1840njy ýylda Londonyň Missionerçilik Jemgyýetiniň tabşyrygy bilen Afrika
ugrady. 1871-nji ýylda ony „Nýu — Ýork Geraldyň“ žurnalisti Genri Stenli
gözläp tapdy. Stenli missionere soňy bilen ganatly sözlere öwrülen: „Doktor
Liwingston, meniň pikirimçe…“ diýen ýönekeý sözler bilen ýüzlendi.
72
R uhy
ýolbaşçylyk
Bir ýaş ýigit kenar goragynda ýaňy işläp başlan wagtynda, öz
komandasy bilen tolkunlaryň güýçli möwç almasynda betbagtçylyga
uçranlary halas etmeklige gatnaşýar. Çapgyn şemal onuň ýüzüne
ýagşyň akymyny ýelmände, ol munuň ýaly gaýly howadan gorkup,
kapitanyň ýanyna zordan barýar-da, gygyryp:
— Biz hiç haçan yzymyza dolanmarys! — diýýär.
Kapitan muňa:
— Вize dolanmak gerek däl, ýöne öňe ýüzmäge welin, biz
borçludyrys — diýip jogap berýär.
Batyrgaýlyk
Ýolbaşçylara batyrgaýlyk iň ýokary tertipdäki batyrgaýlyk zerurdyr
— olara içki batyrlyk, etiki, köplenç hem, fiziki batyrlyk zerurdyr.
Batyrgaýlyk — bu kynçylyklara we howpa duçar bolanda,
adamlara özlerini ynamly, gorkusyz hem sustupesliksiz alyp
barmaga mümkinçilik berýän aklyň häsiýetidir.
Resul Pawlus gorkynyň özüne tanyşdygyny boýun alýar,
ýöne gorky ony hiç wagtam, gullukdan saklamady. Ol: „Men
size ejizlik we gorky içinde geldim, gaty-da sandyraýardym“
(1 Коrintoslylar 2:3) diýip ýazýar, ýöne onuň Korintosa syýahaty
barybir boldy, ol gorkýandygy sebäpli, öýünde galmady. Pawlus,
şeýle hem, dürli ýagdaýlarda we dürli çeşmelerden özüne
kynçylyklaryň garaşanyny boýun alýar: „Daşarda uruşlar, içimizde
gorkular bardy“ (2 Коrintoslylar 7:5). Оl howplary öz başyna
getirmedi, ýöne olaryň Rebbe edýän gullugynda päsgelçilik
bolmagyna-da ýol bermedi.
Маrtin Lýuter adamzat bütin taryhyndaky iň batyr adamlaryň
biri bolupdyr19. Ol taglymaty sebäpli ýüze çykan soraglara jogap
bermek we garşy çykmalary çözmek üçin Wormsa gitmek üçin
ýola düşende: „Siz menden islendik zada garaşyp bilersiňiz, emma
gorka we ynanýan zadymy inkär etmä garaşyp bilmersiňiz. Men öz
janymy halas etmek üçin gaçmaryn, öz garaýyşlarymy-ha, asla-da
inkär etmerin“ diýýär. Dostlary oňa öz üstüne howpuň abanýanyny
19
Burns, Revivals, 181–82,
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 73
duýdurýarlar, köpüsi ony Wormsa gitmezlige yrjak boldular. Emma
Lýuter munuň ýaly duýduryşlara gulak gabartmady. „Wormsa
gitmeli däl? Ol ýerde arwahlar jaýyň üçegindäki çerepisalardan
hem köp bolsa-da, men ol ýere giderdim“20.
Lýuter Wormsda imperator Çarlz V-iň sudunyň öňünde
duranda, oňa öz işleriniň ýygyndysyny görkezip, öz ýazan
zatlaryny inkär etmegi talap etdiler. Lýuter muňa: „Eger maňa
Mukaddes Ýazgydan özümiň mamla däldigime ynandyryjy
subutnamalary ýa-da esasly, logiki hem aýdyň dellileri
getirmeseler, men inkär edip biljek däl, inkär etmerinem, sebäbi
aklyň garşysyna gitmek paýhassyzlyk bolýar, bu howpsuz hem
däldir“ — diýip jogap berýär.
Soň ol sözüniň üstüni ýetirip: „Men şu pikirde galýaryn,
başgaça edip bilemok. Hudaýym, maňa kömek et!
Omyn“ — diýdi.
Lýuter ölmezinden birnäçe gün öň bu güni ýatlaýar:
„Şonda men hiç zatdan gorkmadym: Hudaý adama ummasyz
batyrlyk berýär“.
Неmmeler dogabitdi batyr bolmaýarlar. Käbir adamlar tebigaty boýunça Martin Lýuter ýaly batyr däldir. Ýöne biziň
batyrdygymyza ýa utanjaňdygymyza garamazdan, Hudaý
ýolbaşçylary batyr bolmaklyga we gorkynyň öňünde müzzermezlige
çagyrýar. Eger biziň birimiz hiç zatdan gorkmaýan bolsa, onda
munuň ýaly çagyryşyň manysy ýokdur. Ýöne gorkynyň öz
durmuşymyzyň bir bölegi bolup durýandygy sebäpli, Hudaý
bize özümizi güýçden doldurýan Mukaddes Ruhy berýär. Biz
diňe şol güýjüň özümizde hereket etmegine ýol bermelidiris
we gorkmaly däldiris.
Täze Ähtiň manysy boýunça gapma — garşylykly bolan iki
parçasyny deňeşdiriň: „… ýehudylardan gorkularyna gapylary
20
Ibid., 167–68. Lýuteriň Wormsdaky gurultaýda aýdan sözleriniň takyk
manysy jedelli bolup durýar. Sanders öz kitabynda, bu neşirde döwrebap
taryhy derňewleriň netijeleri ulanylanda, Bernsiň sözlerini getirýär (James
M. Kittelson, „The Accidental Revolutionary,“ in Christian History, Issue 34,
16). Lýuteriň beýleki sözleri Bernsiň işinde berlişi ýaly getirilipdir.
74
R uhy
ýolbaşçylyk
gulp-lap …“ (Ýahýa 20:19) we „Petrus bilen Ýahýanyň
batyrlygyny görüp…“ (Resullaryň işleri 4:13). Bu ýerde şol
bir şägirtler suratlandyrylýar, olaryň duşmanlaram şol öňki
adamlar. Bu iki parçada suratlandyrylýan wakalaryň
arasynda näme bolup geçdi? Şägirtleri şeýle üýtgeden
waka — bu olaryň üstlerine Mukaddes Ruhuň inmegidi.
„Hemmesi
Mukaddes
Ruhdan
doldular“
(Resullaryň
işleri 2:4). Mukaddes Ruha şahsyýetimiziň üstünden
ygtyýar berlende, biz „gorky ruhuny dälde, güýç“
alýarys (2 Тimoteos 1:7).
Batyr ýolbaşçylar ýakymsyz, hatda heläk edijilikli ýagdaýlarada duçar bolanda, özlerini sowukganly alyp barýarlar-da, öz
hereketleri ählumumy goldawy almasa-da, ýakymsyzlyklary
üstünlige öwürmek üçin aýgytly hereketleri edýärler. Ýolbaşçy
mydama adaty adam garşydaşlyklaryna we inisiatiwanyň
ýoklugyna gabat gelýär. Ýöne wezipe ýerine ýetirilýänçä, öňe
gitmäge batyrlyk kömek edýär.
Ýolbaşçydan kynçylykly wagtlarda asudalyga hem batyrlyga
garaşylýar. Töweregindäkiler öte geçip, erkini ýitireninde,
ýolbaşçylar bellenilen ugur bilen gitmegi dowam etdirýärler.
Ýolbaşçylar agyr ýagdaýa salýan yza çekilmeler we weýran
ediji ýeňlişler wagtynda, öz yzyna eýerijileriň söweşjeň
ruhuny berkidýär.
Sanheribiň rehimsiz goşunyna garşy durmak üçin
Hizkiýa zerur harby taýýarlyklary gördi, soň bolsa, öz
halkynyň ahlak ýagdaýyny berkitmek bilen meşgullandy. Ol
Iýerusalimiň ýaşaýjylaryna: „Dözümli we mert boluň. Aşur
patyşasyndan gorkmaň, heder etmäň, çünki biziň bilen Bolýan
onuň bilen bolýandan has güýçlüdir. Aşur patyşasy ynsan güýji
bilendir, emma biziň bilen Hudaýymyz Rebdir. Ol bize ýardam
edip, biziň üçin söweşer“ diýdi. „Ýahuda patyşasy Hizkiýanyň
sözleriniň halky ruhlandyrandygyna“ (2 Ýyl ýazgylary 32:7,8)
Mukaddes Ýazgy şaýatlyk edýär. Ine, güýçli hem netijeli
ýolbaşçylyk nämede jemlenýän eken.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 75
Kiçigöwünlilik
Kiçigöwünlilik — ruhy ýolbaşçynyň alamatydyr. Mesih
Öz şägirtlerini şol döwrüň gopbam hem şöhratparaz
hökümdarlaryndan görelde almazlyga, özlerini başgalaryň
hyzmatkäriniň ýerine goýmaklyga çagyrýar (Мatta 20:25–
27). Gadymda bolşy ýaly, biziň günlerimizde-de, işewür
hem syýasy gurşawlarda kiçigöwünlilik asla meşhur däldir.
Ýöne bu babatda biynjalyk bolmaň! Ruhy ýolbaşçy dünýewi
öwünjeňligiň we özüni mahabatlamanyň arasynda Hudaýa
pida edijilikli gulluk etmäniň we Onuň göwnüne ýaramanyň
gizlin ýodasyny tapýar.
Biz dilewarlyk zehininiň we döwürdeşleriniň günälerini paş
etmesiniň arkasyndan Ýahýa Çokundyryjyny köplenç beýik
wagyzçy hasaplaýarys. Onuň sözleri gulaga ýaramaýardy we
ygtyýara eýe bolan köp adamlaryň gizlin maksatlarynyň üstüni
açýardy. Ýöne onuň hakyky beýikligi özüniň: „Ol ulalmalydyr,
men kiçelmelidirin“ (Ýahýa 3:30) — diýen tükeniksiz akyldar
sözlerinde açylýar. Ýahýa Çokundyryjynyň hakyky roly hut şu
sözleriň üsti bilen biziň öňümizde aýdyň durýar.
Ýolbaşçynyň kiçigöwünliligi ýyllar boýy ösmelidir; beýleki
gylyklar bilen prinsipler hem, edil şunuň ýaly ulalmalydyr.
Resul Pawlusyň kiçigöwünliliginiň ösüşine üns beriň. Ol öz
gullugynyň başynda: „…men resullaryň iň kiçisi, resul adyny
almaga hem mynasyp däldirin…“ (1 Korintoslylar 15:9) diýýär.
Birazrak wagtdan soň, eýýäm ol özüni „mukaddesleriň iň
ähmiýetsizi“ (Еfesliler 3:8) diýip atlandyrýar. Pawlus ömrüniň
ahyrragynda Mesihiň rehimi hakda we özüni haýsy ýerde
goýýandygy hakda öz pikirini aýdýar: „… Mesih Isa günäkärleri
halas etmek üçin dünýä geldi… Ol günäkärleriň iň erbedi
mendirin“ (1 Тimoteos 1:15).
Uilýam Lou özüniň nusgawy eserleriniň birinde şeýle ýazýar:
Goý, her gün gündizine kiçigöwünlilik bolsun: öz
ýakynlaryňyzyň ähli ejizliklerine we ýalňyşlyklaryna
geçirimli boluň, olaryň kemçiliklerini örtüň, ýeten
76
R uhy
ýolbaşçylyk
derejelerine hormat goýuň, gowy ýerlerini öwüň, eger olar
kömege mätäç bolsalar, olara kömek ediň, üstünliklerine
şatlanyň, şowsuzlyklaryna duýgudaşlyk bildiriň, olaryň
dostlugyny kabul ediň, erbet hereketlerini görmäň,
erbet pikirlerini bagyşlaň, hyzmatkärlere hyzmatkär
boluň, jemgyýetde iň pes derejäni eýeleýänleriň
derejesine çenli peseliň21.
Bir gezek Samýuel Brengl „beýik doktor Brengl“ hökmünde
tanyşdyrylanynda, ol öz gündeligine şeýle bellik edýär:
Еger men olaryň gözlerine beýik bolup görünýän
bolsam, Reb Özüniň merhemeti bilen maňa özümiň
Rebsiz nähili pes zat bolup durýandygymy gaty gowy
düşündirýär, şeýdip, Ol maňa öz nazarymda ähmiýetsiz
bolup galmagyma kömek edýär. Ol, dogrudanam, meniň
üstüm bilen işleýär. Bu işiň Onuň zähmetidigini, zähmetiň
tamamlanmagynda özümiň hiç hili tagallamyň ýokdugyny
gözden salmazlyk meniň üçin örän wajypdyr. Palta özüniň
agaçlary çapanyna öwnüp bilmez, sebäbi agaç çapyjy adam
bolmasa, ejizligine galardy. Agaç çapyjy palta ýasaýar,
ony ýiteldýär we onuň bilen agaç çapyp başlaýar. Ol
paltany bir gyra oklan badyna, palta ýöne bir peýdasyz
demir bölegi bolup galýar. Men muny hiç haçan ýatdan
çykarmak islemeýärin!22
Biziň günlerimizdäki ruhy ýolbaşçy — bu kimdir biriniň
kömekçisi hökmünde höwes bilen zähmet çekýän ýa-da
başga birine öňde goýan maksadyna ýetmäge kiçigöwünlilik
bilen kömek edýän adamdyr. Hytaýda zähmet çeken
21
22
Uilýam Lou (1686–1761) — özüniň mistik garaýyşlary bilen tapawutlanýan
mesihi awtory. Ol hemme zatdan-da, özüniň 1728-nji ýylda ýazan: „Päk
ahlakly we mukaddes durmuşa aýgytly çagyryş“ kitabynyň awtory hökmünde
bellidir (A Serious Call to a Devout and Holy Life).
C. W. Hall, Samuel Logon Brengle (New York: Salvation Army, 1933), 275.
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler 77
Robert Morrison şeýle ýazypdyr: „Biziň missiýalarymyzyň
uly ýalňyşlygy, meniň pikirimçe, hiç haýsymyzyň ikinji
bolmak islemeýändigimizdedir“23.
Ak ýüreklilik we açyklyk
Resul Pawlus özüniň şowsuzlyklary we üstünlikleri hakda açyklyk
bilen gürrüň berýär. Olara biziň hemmämiz öýkünip bilýän däldiris.
Ol imana gelmezinden öň, Hudaýa çyn ýürekden gulluk etdi
(2 Тimoteos 1:3), onda-da, özüne mahsus bolan açyklyk bilen.
Soňrak ol: „… Hudaýdan bolup, Hudaýyň huzurynda Mesihe
baglylykda janypkeşlik bilen gepleýäris“ (2 Коrintoslyar 2:17)
diýip ýazýar.
Ýolbaşçynyň bu häsiýetleri Ysraýyl üçin Hudaýyň kanunyna
giripdi (Kanun taglymaty 18:13). Hudaý Öz halkynyň açyk
bolmagyny, dogruçyl häsiýetli bolmagyny, galplykdan we
aldawçylykdan azat bolmagyny isleýär.
Üstünlikli bolan bir telekeçi beren interwýusynda: „Eger
menden iň ýokary derejeli ýolbaşçy üçin iň wajyp häsiýetiň
nämedigini sorasalar, men şahsy açyklygy ýa-da gönümelligi
aýdardym“. Ruhy ýolbaşçynyň öz wadalarynda hakykatçyl
bolmalydygy, öz borjuna wepaly, pul meselesinde dogruçyl,
öz gullugyna berlen we başgalar bilen gürrüňdeşliginde açyk
bolmalydygy gürrüňsizdir.
23
Robert Morrison (1782–1834) Kanton şäherindäki (Guançžou) Ost — Ind
kompaniýasynda terjimeçi bolup işledi. Ol Mukaddes Kitaby kanton dialektine
terjime etdi we Hytaýda ýigrimi bäş ýyllap imana gelen köp sanly hytaýlylar
bilen bile zähmet çekdi.
9 — NJY BAP.
Ýolbaşçyda ýene nähili
häsiýetler bolmaly
Şonuň ýaly, ýygnagyň hyzmatçylary hem hormatly,
ikidilli däl, köp şeraba höwessiz, haram gazanç etmeýän,
sap wyždan bilen imanyň syryny saklaýan adamlar
bolmalydyr. Bular hem öňürti synalsyn, onsoň, müýnsüz
bolsalar hyzmat etsinler.
1 Тimoteos 3:8–10.
Degişmeçillik
Biziň degişmeçilligimiz — bu, çeniňi bilmegi bes etmän, ösdürmesi
gerek bolan duýgudyr. Sagdyn degişmeçillik, gowy degişmeler
atmosferany gowşadyp, kyn ýagdaýlardan çykalga tapmaga
kömek edýär. Gürrüňdeşlikde ýüze çykan dartgynlylykdan gaça
durup, hemme zady ýerli — ýerine getirmek üçin ýolbaşçylar
mundan peýdalanmalydyrlar.
Samýuel Jonson her gün gülki üçin birazrak wagt
goýmalydygyny maslahat beripdir. Beýik apologet, arhiýepiskop
Ueýtli: „Bize diňe bir aklyň tarp ýerini işläp bejermek däl-de, eýsem,
şatlykly duýgularyň topragyny hem işläp bejermek gerek“ diýip
ýazypdyr. Аgnes Striklend: „Bu dünýäde şonsuz oňup bolmajak
zatlaryň sanawynda esasy gowy işlerden soň, derrew gülki bilen
şatlanmaklyk gelýär“ diýýär1.
Çarlz Sperjen wagyz eden wagtynda degişmä ýol bereni
sebäpli ýazgaranlarynda, gözlerini uçganakladyp: „Eger öz
1
Quoted in C. W. Hall, Samuel Logan Brengle (New York: Salvation Army,
1933), 278. Samýuel Jonson (1709–1784) iňlis şahyrydy, oçerkleriň awtorydy
we leksikografdy. Onuň „Iňlis diliniň sözlügi“ (1747) asyryň dowamynda
standart hasaplanyldy.
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 79
içimde näçe degişmäni saklaýanymy bilsediňiz, onda siz meni
diňe öwerdiňiz“ diýip jogap berýär. Soňrak ol bu meselä degip
geçende: „Meniň wagyzlarymda diňleýjileri ýylgyrmaga ukyply
edýän käbir zatlar bar, ýeri, bolanda näme? Wagyzçy ýylgyrmany
günä hasaplap boljakdygyna doly ynamly bolup bilmez, ýöne
her näme-de bolsa, ýarym sagatlap irkilmä alyp barmagyň bir
minutlyk gülki döretmekden az jenaýat däldir diýip çaklamak
bolar“ — diýip ýazypdyr.
Helmut Tilik şeýle ýazýar:
„Gözüň töwereginde gülki sebäpli dörän gasynlar, bir
zatda ünsi jemlemeler we kimdir biriniň aladasyny etme
sebäpli döreýän gasynlar ýaly, imanyň alamaty bolup
durmaýarmy? Eýsem, biziň tebigatymyzyň diňe agras tarapy
çokundyrylma alýarmy? Gülkini diňe butparazlaryň paýyna
düşen zat hasaplamak bolýarmy? … Gülkini mukaddes ýerden
meýhanalara, gijeki klublara we toý dabaralaryna kowanda,
ýygnak gaty ýalňyşýar“2.
Degişmeçillik — bu missioneriň durmuşyndaky gymmatly
we ajaýyp bezegdir. Dogrudanam, ýolbaşçyda degişmeçilligiň
bolmazlygy onuň çynlakaý kemçiligi bolup biler. Bir missioneri
Şwesiýadan Hindistana gaýdyp gelmezlige yrjak bolupdyrlar,
sebäbi ol ýer örän yssydy.
— Gulak as, ol ýerde kölegede 120 gradus!*
— Bolanda näme? — diýip, şwed asuda jogap berýär. — Men
mydama kölegede bolmaly bolýaryn.
*Farengeýtiň şkalasy göz öňünde tutulýar: Farengeýtiň 120
gradusy takmynan 40°С. — Terjimeçiniň belligi.
А. Ýe. Norriş, Hindistandaky missioner, şeýle diýýär:
2
Helmut Thielecke, Encounter with Spurgeon (Philadelphia: Fortress,
1963), 26. Çarlz Goddon Sperjen (1834–1892), on dokuzynjy asyryň iň
meşhur wagyzçylarynyň biri. Ol otuz iki ýylyň dowamynda Londondaky
„Metropol çadyry“ ýa-da „Paýtagt ybadathanasy“ ýygnagynyň ruhy
çopany boldy.
80
R uhy
ýolbaşçylyk
Men hiç haçan degişmeçil häsiýeti bolmadyk ýolbaşça gabat
gelmedim. Bu ýagdaýlara garamazdan, özüňe gapdaldan
seretme, hemme zady başga perspektiwada görme we
bolýan zatlaryň üstünden gülme ukybydyr. Bu juda ajaýyp
goraýyş klapanydyr! Eger sizde Rebbe şatlanmaklyk we
şol şatlygyň gürrüňsiz hemrasy bolan degişgenlik bolmasa,
adamlary uzaga alyp gidip bilmersiňiz3.
Duglas Tornton köplenç adamlary özüniň ýüregine düweninden
köp güldüripdir. Onda iki meňzeş nakyly ýa-da idiomany bir edip
garyşdyrýan gaty gowy endigi bolupdyr. Bir gezek ol dostlarynyň
ýanynda öz elinde mydama iki kirişiň bolýandygyny aýdýar. Muňa
onuň dostlary gülýärler-de, özünde, dogrudanam, ýaý üçin ätiýaçlyk
kartyň ýanynda bolýanmydygyny soraýarlar*. Şunuň ýaly zatlar
komitetleriň ýygnaklarynyň dartgynly atmosferasyny janlandyryp,
sagdyn gülki döredýär.
*Bu ýerde iki sany iňlis idiomasynyň garyşmasy boldy: „onda
mydama ýeňiniň içinde ýene bir kart bardyr“ (“onda mydama
ätiýaçlyk warianty bar“ diýen manyda, „ol wagty gelýänçä, bir zat
gizleýär“) we „onuň ýaýynyň iki kirişi bar“ (“onuň iki mümkinçiligi
bar“ manysynda; adatça saýlawyň kynlygy göz öňünde tutulýar).—
Terjimeçiniň belligi.
F. J. Hallett ýygnagyň hakyky durmuşynda inçe degişmäni
Hudaýyň merhemetini aýdyň duýmaklyk bilen utgaşdyrýan
ýolbaşçynyň has üstünlikli bolýanyny özüniň ýarym asyrlyk
tejribesine esaslanyp aýtdy. Dergişme wagyzlara ýitilik,
gaýtalanmazlyk we dilewarlyk berdi.
Beýik wagyzçylaryň biri hakda gürrüň edenlerinde, onuň
diňleýjileriniň ünsüni gowuja çekmek üçin tagamlandyryjy
hökmünde degişmäni ulanandygyny aýdýarlar. Käwagt
onuň auditoriýasyny gülki partlamalary sandyradýardy,
3
A. E. Norrish, Christian Leadership (New Delhi: Masihi Sabiyata Sanstha,
1963), 28.
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 81
ýöne mukaddes hakykatlaryň üstünden hiç haçanam
gülünmeýärdi. Ol degişmeden soň, derrew haýsydyr bir beýik
zat baradaky gürrüňe geçýärdi. Onuň degişmesi hiç wagtam,
ýeňilkellelige alyp barmady.
Haýsy hem bolsa bir degişmäniň ýerliklidigini ýa däldigini
anyklamak üçin özümiziň degişmä erk edýänimiz ýa-da
degişmäniň bize erk edýändigi hakda oýlananyňa degýändir.
Latynoamerikan Missiýasynyň general direktory Kennet
Streken barada: „Onda diýseň gowy degişgenlik bardy,
ýöne onda haçan, nirede we nädip degişmelidigini duýma
duýgusy hem bardy. Ol degişmäniň ýerliklidigini ýa däldigini
kesgitläp bilýärdi, şol sebäpdenem, onuň degişmeçilligi onuň
doly ygtyýary astyndady“4 diýýärler.
Gahar
Bu ýalňyşlyk dälmidir? Ýolbaşça gaharlanmak nämä gerek?
Dogry, Isa Özüne gaharlanmaga rugsat etdi, eger bizem
gahary dogry ulanýan bolsak, onda biz Onuň wepaly şägirtleridiris.
Markusyň Hoş Habarynda Isanyň gudrat görkezmezinden
öňürti,
„töweregindäkilere
gahar
bilen
bakandygy“
(Мarkus 3:5) ýazylýar.
Mukaddes gahar söýginiň gürrüňsiz doldurgyjydyr.
Bularyň ikisem Hudaýyň tebigatynyň bir bölegidir. Isanyň eli
guran adama bolan söýgüsi Onda onuň sagalmagyna garşy
bolanlara gahar döretdi. Isanyň Hudaýyň ybadathanasyna
bolan
söýgüsi
Onuň
ybadathanany
„garakçylaryň
sürenine“ öwren satyjylara hem alyjylara gaharlanmagyna
sebäp boldy (Мatta 21:13).
Веýik ýolbaşçylar — wakalaryň gidişini üýtgedenler we
taryha öz täsirini ýetirenler — Hudaýy biabraý edýän we
ejizleri gul edýän adalatsyzlyga we kemsitmelere çydamsyz
bolupdyrlar. Uilýam Uilberfors Angliýada gullary azat etmek
4
Latin American Evangelist, May-June 1965.
82
R uhy
ýolbaşçylyk
we gul söwdasyny ýatyrmak üçin mümkin bolan we mümkin
bolmadyk zatlaryň hemmesini etdi. Ol hereket edýän tertibe,
dogrudanam, gaharlanypdyr.
F. U. Robertson belli bir zat üçin gaharlananda, öz ýagdaýyny
suratlandyrýar: „Meniň ganym bir pursatda tutaşyp barýan
oda öwrüldi, şonda men özümde gazaply kuwwat duýdum:
men ýalançyny we gorkagy ebedi jeza höküm edýändigimi
bildim, muny bilenime-de begendim“5. Маrtin Lýuter
„özünde gahar gaýnap joşýança, hiç wagt hiç zady
gowy edip bilmändigini, emma soň welin, islendik zady
edip bilendigini“ aýdýar.
Ýöne mukaddes gahary hyýanatçylykly ulanmaklaram mümkin.
Gaharlanýanlaryň köpüsi özleriniň pese düşmesiniň başlangyjy
bolmaga gahara ýol berýärler. Ýepiskop Batler gaharyň günä
öwrülýän alty şertini belleýär:
• Öýke ýa-da ýigrenç duýgusyny döretmek üçin biz
özümiziň göwnümize degenlerini ýatlanymyzda;
• Pikirimizde göwnümiziň agyrdylmasy
hakykatyndakysyndan has güýçli bolanda;
• Hiç kim bize hakyky ýamanlygy etmedik bolsa-da,
göwün agyrysyny we oňaýsyzlyk duýanymyzda;
• Öjükme özümize erk edip bilmez ýaly ýagdaýa baryp
ýetende;
• Başgalaryň göwnüni agyrdyp, özümiziň ar alma
teşneligimizi kanagatlandyranymyzda;
5
Robert E. Speer, Christ and Life (New York: Revell, 1901), 103. Fredrik
Uilýam Robertson (1816–1853) 1840-njy ýylda Iňlis Ýygnagynda ruhy
derejä bagyş edildi. Soň Braýtonyň garyp işçi ilatynyň arasynda tanymal
wagyzçy boldy. Uilýam Uilberfors (1759–1833), (ozal ýatlanylyp geçildi)
Britan parlamentiniň agzasy bolup durýar. Onuň köp uly telekeçileri
garşy çykmaga mejbur eden işleri ahyrsoňunda gulçulygy we gul
söwdasyny gadagan edýän kararlaryň çykarylmagyna alyp bardy. 1804nji ýylda ol Britan we Daşary ýurt Mukaddes Kitap Jemgyýetini
esaslandyrmaga kömek etdi.
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 83
• Öz günälerimiz sebäpli aşa biynjalyk bolup gaharlanyp,
bu duýgulary töweregimizdäkilerde görýän günälerimize
biygtyýar geçirenimizde6.
Resul Pawlus Zebur 4:4-de berlen maslahaty gaýtalap:
„Gaharlanyň, ýöne günä etmäň“ (Еfesliler 4:26) — diýýär.
Munuň ýaly gahar tekepbir bolmaýar we siziň şu pursatda duýýan
agyryňyza esaslanmaýar. Munuň ýaly gahar günä getirmez ýaly,
ol Hudaýy şöhratlandyrmaga gönükdirilen bolup, hakykata we
arassalyga jan etmeden syzyp çykmalydyr.
Sen Rebbiň işi üçin
Gahardan dolma çagyrlansyň
Seni, günäniň guluny,
Gahar, güýçli meýil
We batyrlaryň paýhassyz
göçgünliligini duýmaga
Кim iterdi?
Аwtory näbelli
Sabyrlylyk
Ruhy ýolbaşçy ummasyz sabyrlylyga eýe bolmalydyr. Ioann
Zlatoust sabyrlylygy ähli ýagşylyklaryň koroly hökmünde
atlandyrypdyr. Edil sabyrly adam ykbala doly tabyn bolup, ýarym
ukuly ýagdaýda bolýan ýaly, biziň sabyrlylyk hakda passiwlik
görkezme ýaly pikir edýän gezeklerimizem az bolmaýar. Ýöne
munuň ýaly sabyrlylyga munuň ýaly düşünmeklik Mukaddes
Kitapda aýdylanlaryň esasynda düzedilişe mätäçdir. Barklaý
sabyrlylyk hakda gürrüň berilýän ýer bolan Petrusyň ikinji hatynyň
bir parçasyny öwrenýär (2 Petrus 1:6):
6
Şol ýerde, 104. Başdaky tekst üýtgedilen. Jozef Batler (1692–1752), iňlis
ýepiskopy, özüniň „Diniň analogiýasy“ atly kitabynyň arkasyndan meşhurlyk
aldy. Bu kitap on sekizinji asyrda mesihilik ynamyny goraýan iň gowy eser
bolsa gerek.
84
R uhy
ýolbaşçylyk
“Sabyrlylyk“ hökmünde terjime edilen söz hiç haçanam el
gowşuryp oturyp, bolup geçýän zatlary ýöne bir çydamlylyk
bilen geçirýän adamy aňlatmak üçin ulanylmandy. Ol
synaglar wagtynda ýeňişli çydamlylygy we ruhuň güýjüni
göz öňünde tutýar. Gürrüň mesihilik çydamlylygy, durmuşyň
özümize edip biljek zatlarynyň hemmesini mertlik hem
batyrlyk bilen kabul etme, hatda iň agyr ýagdaýlarda-da,
nobatdaky ädimi üstünlige ýetmeklige öwürme ukyby hakda
barýar. Adamy öwrülişik pursatyny ýeňip geçmäge we ýan
bermezlige, şeýle hem, görünmeýän zady mydama şatlyk
bilen garşy almaga ukyply edýän bu ukyp hemme zada
batyrlyk hem dabaralylyk bilen döz gelýär7.
Sabyrlylyk adam aragatnaşyklary ulgamynda iň agyr synaga
duçar edilýär. Resul Pawlus Ýahýa Merkus bilen iş salşanda,
sabryny ýitirdi. Hadson Teýlor bir gezek: „Özümiň bil baglan
adamlarym başarjaňsyzlygy we hiç zat edip bilmeýänligi bilen
haýran galdyran, özüme erk etme synagy bilen göreşmeklik maňa
hemmesinden agyr düşýär. Erkiňi ýitirmegiň hiç hili peýdasy ýok,
diňe sabyrlylyk bilen ýagşylyk kömek edip bilýär. Ýöne, barybir,
özüňi saklamak juda kyn düşýär“ — diýip boýun aldy8.
Ençe ýolbaşçylar Hadson Teýloryň suratlandyran içki göreşini
başdan geçirmeli boldy. Ýöne Tomasyň ynamsyzlygynyň,
Petrusyň durnuksyzlygynyň we Iudanyň dönükliginiň
garşysyna biziň Rebbimiz hakyky çäksiz sabyrlylygy we täsin
erk etmäni görkezdi.
7
8
William Barclay, Letters of Peter and Jude (Edinburgh: St. Andrews,
1960), 258. Ioann Ylahyýetçi (347­
–407), ýokarda agzalyp geçilen bu
gullukçy ýygnagyň irki atalarynyň biridir. Ol on ýylyň dowamynda monah
hem terkidünýä boldy. Soň bolsa, Antakiýada dýakon we ruhany gullugyny
alyp bardy, ondan soň, Konstantinopolda patriarh boldy. Ol ýamanlyga we
ýokarky dindarlara we ýokary wezipeli adamlara garşy wagyz edeni üçin
sürgüne goýberilýär.
J. C. Pollock, Hudson Taylor and Maria (London: Hodder & Stough-ton,
1962), 35.
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 85
Ýolbaşçy öz yzyna eýerijilerden uzaga gaçmaga dyrjaşmazlyk
bilen, şeýle edip hem, olary özlerine bolan ynamdan mahrum
etmek bilen özüniň sabyrlylygyny görkezýär. Öňde bolsa-da, ol
barybir beýlekiler özüni görer ýaly, özlerini öňe çagyrýan sesini
eşider ýaly derejede ýakynlykda bolýar. Onuň özi ýanyndakylaryň
ejizliklerine düşünmez ýaly we olary ruhlandyrmaga çalyşmaz ýaly
derejede güýçli däldir. Resul Pawlusyň ýazyşy ýaly: „biz, güýçlüler,
ejizleriň ejizliklerini götermelidiris“ (Rimliler 15:1).
Ejizlere sabyrsyzlyk bilen garaýanlar adamlara ýolbaşçylyk
etmekde üstünlik gazanyp bilmez. Biziň güýjümize ylgaýanlar
üçin bellän aralygymyz däl-de, olara ýakynlygymyz, yza galýanlar
üçin haýalrak ylgama ukybymyz, olara tizleşmäge we pellehana
çyzygyndan geçmäge kömek etmäge çalyşmamyz şaýatlyk edýär.
Ernest Gordon öz kakasy A. J. Gordony: „Tankydy we garşy
çykmalary ol jogaply aýyplamasyz garşy alýardy“ — diýen sözler
bilen suratlandyrýar9.
Biz buýrugyň däl-de, garaýyşlaryň kömegi bilen ýolbaşçylyk
edenimizde, sabyrlylyk diýseň wajypdyr. Ýolbaşçylar doly hukuk
bilen hemmelere mümkin boldugyça işleriň planyny işläp düzmäge
gatnaşyp, aňry ýany bilen özbaşdak karara gelmäge mümkinçilik
berýän sungaty öwrenýärler. Köplenç ýolbaşçynyň teklip eden
proýekti diňe umumy ylalaşyk bilen tassyklanylmalydyr, şonuň üçin
ýolbaşçy tutuş komanda karara gelmäge taýýar bolýança, sabyrlylyk bilen garaşmaga borçludyr. Ine, D. E. Houstda bir ajaýyp
ýolbaşçy hakda nähili ýatlamalar galypdyr:
Men bu meseleler çözülende, Hadson Teýloryň özümde
galdyran täsirini hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Ony gaýta
— gaýta öz tekliplerini düýpli gaýtadan işlemäge ýa-da
aýgytly garşy çykmalara duş gelen sagdyn hem peýdaly
proýekt-lerden el çekmäge mejbur edipdirler… Soňrak
onuň sabyrlylygyna we dogalaryna jogap hökmünde, şol
proýektleriň köpüsi barybir amala aşdy10.
9
10
Earnest Gordon, A. J. Gordon (London: Hodder & Stoughton, 1897), 191.
Phyllis Thompson, D. E. Hoste (London: China Inland Mission, n.d.), 158.
86
R uhy
ýolbaşçylyk
Dostluk söýüjilik
Ýolbaşça dostlaryna we dostlarynyň näçe sanydygyna seredip
baha bermek bolar. Şu ugurdan peýdalanyp, resul Pawlusda
dost tapynmaga ajaýyp ukybyň bolandygyny bilmek bolýar. Ol
diýseň alçak adam bolupdyr. Onuň Timoteos bilen gatnaşyklary
— dürli nesliň adamlarynyň arasyndaky dostlugyň nusgasydyr.
Pawlus bilen Lukanyň dostlugy — deň-duşlaryň arasyndaky
dostlugyň nusgasydyr.
А. B. Simpson özüniň dostluk söýüjiliginiň arkasyndan
çyn ýürekden çykan aşaky sözlere mynasyp bolupdyr: „Onuň
ýolbaşçylyk zehininiň iň beýik bezegi özüniň hemmeleriň dosty
bolandygyndady. Ol ýanynda duran adama bolan söýgüden doly
bolýardy, ol bütin adamzady söýýärdi“11. Dawudyň öz töweregine
batyr, özi üçin ölmäge taýýar adamlary ýygnap bilme ukyby
onuň ýolbaşçy bolmagynyň girewi boldy. Ol adamlar oňa
şeýle ynam hem wepalylyk bilen ýakynlaşdylar welin, hatda
Dawudyň ýarym söz bilen aýdan islegem, olar üçin buýruk
boldy (2 Şamuwel 23:15–17). Оlar Dawut üçin ölme kararyndan
doludylar, sebäbi Dawudyň hem özleri üçin ölmäge taýýardygyny
gaty gowy bilýärdiler.
Resul Pawlusyň hem, wepaly dostlary bardy. „Täze Ähtde
Pawlusdan başga hiç kim ganym duşmanlary beýle köp gazanmady,
ýöne dünýäde gowy dostunyň bardygyny aýdyp, az adam öwünip
bilýär. Olar ony şeýle gysyp gurşap aldylar welin, biziň olaryň
her biriniň şahsyýetini gözden sypdyrmagymyz mümkin, sebäbi
olar özleriniň wepalylygyna siňip gidýärler“12. Hawa, Pawlusyň
rehimi bilen onuň dostlary Mesihiň hatyrasyna her hili howplara
sezewar boldular, şeýle-de bolsa, olar onuň özlerini söýýändigine
asla şübhelenmän, yzyna höwes bilen düşdüler. Resul Pawlusyň
hatlary gyzgyn, minnetdarlyk duýgularyna we öz dostlaryna bolan
çyn ysnyşykdan doly.
11
12
A. E. Thompson, The Life of A. B. Simpson (Harrisburg: Christian Publications,
1920), 204.
H. C. Lees, St. Paul’s Friends (London: Religious Tract Society, 1917), 11.
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 87
Ýolbaşçylar adamlara özlerinde bar bolan iň gowy zatlary
ulanmaga kömek etmelidirler. Bu ýerde dostlukly gatnaşyklar
jikme — jik delillerden we berk logikadan has täsirlidir. Jon
R. Mott ýolbaşçylary „ýüregiň kömegi bilen dolandyrmaga
çagyrypdyr. Şahsy deliller we adam garaýyşlarynyň beýleki
usullary ejiz gelende, hoşniýetli, çyn ýürekden bolan
dostluga bil baglaň“.
Robert A. Jeffi Hoş Habary wagyz etmek üçin Wýetnamy
açmakda wajyp roly oýnady. Ol özüniň üstünlikleriniň aglaba bölegi
üçin ähli meşhur ýolbaşçylaryň eýe bolan häsiýetine borçludyr:
„Dostlukly ysnyşygyň ýerini hiç zat tutup bilmez… Ösen akyl hem
tutup bilmez. Mukaddes Kitaby bilmekligem ýeterlik däldir. Jeffri
adamlary olaryň özleriniň bähbidi üçin söýüpdir. Ol jynsyna hem
derisiniň reňkine garamazdan, islendik adamyň ýanynda höwes
bilen bolupdyr“13.
On dokuzynjy asyryň ahyrlaryndaky iňlis wagyzçysy Çarlz
Sperjeniňki ýaly beýik şöhraty mesihi ýolbaşçylarynyň az
sanlysy gazanyp bilipdir. Onuň terjimehalynda „özüniň adaty
kejirligi sebäpli, şertsiz abraýdan peýdalanman — ýogsam, ol
özboluşly häsiýetlidi — eýsem, ykrar edilen gymmaty sebäpli
peýdalanandygy görkezilipdir. Töweregindäkiler onuň abraýynyň
öňünde baş egipdirler, sebäbi onuň aňyrsynda akyldarlyk bilen
adamlara ysnyşyk durdy“.
Çarlz Spenjenden, Dawutdan ýa-da Pawlusdan uly Bolan
Öz yzyna düşenlere dostluk söýüjiligiň we ysnyşygyň kömegi
bilen ýolbaşçylyk etdi. Ol hakda: „Özüniňkileri bu dünýede nähili
söýen bolsa, Ol olary iň soňky deme çenli hem hut şonuň ýaly
söýdi“ (Ýahýa 13:1) — diýilýär. Aslyýetinde, Petrus Isanyň çäksiz
söýgüsine perişan ýürek bilen jogap berdi: „Ýa Reb, Sen ähli
zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň“ — diýip boýun aldy
(Ýahýa 21:17).
13
A. W. Tozer, Let My People Go (Harrisburg, Pa.: Christian Publica­tions,
1957), 36.
88
R uhy
ýolbaşçylyk
Takt (sypaýyçylyk) duýgusy we
diplomatiýa sungaty
“Takt“ sözi „galtaşma“* manysy bolan latyn kökli sözden gelip
çykýar. Syzmaklyk — bu galtaşma arkaly duýma ukybydyr. Adamlar bilen gatnaşyklarda takt — bu göwnüne degmän, mydama
nähili söz aýtmagyň zerurdygyny ýa-da ýönekeý bolmadyk
ýagdaýda nähili jogap bermelidigini duýup, adamlaryň ýumşak
ugruny tapma ukybydyr.
*Türkmen dilinde latyn sözüniň manysy „taktly“ sözünde
saklanyp, giň manysynda „duýgurlyga dahyly bolany“ aňladýar.
— Terjimeçiniň belligi.
Diplomatiýa — bu kyn ýagdaýlarda, aýratynam, dürli medeniýete
degişli iki adamyň, dürli nukdaýnazary bolan adamlaryň arasynda
has-da, kyn ýagdaýlary üstünlikli tamamlama başarnygydyr.
Ýolbaşçy garşydaş garaýyşlary hiç kimiň göwnüne degmän, ýöne
öz prinsiplerinden hem yza çekilmän, ýaraşdyrmagy başarmalydyr.
Ol pikirinde özüni başga adamyň ýerine goýup, onuň pikirlerine
we ýüreginde nämeleriň bardygyna düşünmäge, soň hem, özüniň
ähli şahsy isleglerini taşlap, özüni beýlekini kanagatlandyryşy ýaly
alyp barmaga ukyply bolmakdyr. Bu ukyby öwrenmek bolýar, ony
ösdürmek gerek.
Belli bir derejede her kimiň hukugy saklanar ýaly, şol bir
wagtyň özünde-de, hemme zat parahatçylykly çözgüde alyp barar
ýaly, ýolbaşça garşydaşlyklary şeýle çözme ukyby gerekdir. Munuň
üçin ilki bilen adamlaryň näme duýýandyklaryna we olardan nähili
hereketlere garaşmak bolýandygyna düşünmek gerek.
Ýeşuwa wada berlen ýurdy Ysraýyl taýpalarynyň arasynda
paýlanda, ajaýyp takt duýgusyny görkezdi. Nädogry ädim milletiň
şonsuzam yraň atyp başlan birligini aňsatlyk bilen çym — pytrak
edip bilerdi. Ýeşuwa hem aýgytly, hem adalatly hereket etmek
zerurdy. Ruben we Gat taýpalary özleriniň gurbanlyk sypasyny
gurup, şeýle etmek bilen raýatlyk urşuny turzara gelenlerinde,
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 89
Ýeşuwa ýene taktlylyk görkezdi. Ýeşuwada Hudaýdan öwrenen
akyldarlygy bardy. Hudaý bilen ýörmeklik onda diplomatiýa
sungatyny ösdürdi, şonuň üçin ol gerek däl bolan gandöküşiklikden
gaça durup, halkyň abadançylygyna tarap ýol açdy.
Uilýam Keri doly düşünmezlik derejesinde ajaýyp diplomat
bolupdy. Onuň işdeşleriniň biriniň şaýatlygyna görä, „ol öz
abraýyny öňe sürmezden, beýlekiler özleriniň oňa baglydygyny
duýmaz ýaly edip, adamlara ýolbaşçylyk etmekdäki ajaýyp sungata
eýedi. Bu zatlaryň hemmesi Keri tarapdan haýsy hem bolsa bir
herekete kakdyrma hem bolman geçýärdi“14.
Ruhlanma güýji
Başgalary gulluga ruhlandyrmak we pida edijilik — Hudaýyň hakyky
ýolbaşçysyny tapawutlandyryjy alamatdyr. Töweregindäkiler üçin
ol ýagtylyk bolar. Mysal üçin, Çarlz Koumanyň özi köp zähmet
çekdi, ýöne ol başgalary-da, özi ýaly janypkeşlikli işlemäge-de
ruhlandyryp bilýärdi. Onuň okgunlylygy we tutanýerliligi, şeýle
hem, ruhlanmasy ýokuşagandy15.
Ruhy çopan Hsi Hytaýda öz döwründäki hakykatdan beýik
bolan ýolbaşçylaryň biridi. Adamlary ruhlandyrma ukyby onda
adatdan daşary ösendi. Ruhy çopan Hsiniň dostlarynyň biri onuň
ruhlandyryjylygyny şeýle suratlandyrýar: „Onuň bu babatdaky
güýji haýran galdyryjydy. Ol hiç hili tagalla etmezden, doly tebigy
ýagdaýda, töweregindäkileriň hemmesini üwrän ýaly bolýardy.
Adamlar uýgunlaşma ýagdaýda onuň yzyna düşýärdiler, oňa
ynanýardylar. Mundan başga-da, ol başarjaňlygyň, täsin gaýratyň
we inisiatiwany öz üstüne almanyň adatdan daşary güýjüne eýedi.
Onuň ýanynda duranda, hiç kimem durmuş idealyna we mesihiniň
gullugyna düýbünden täze garaýyşly bolman bilmeýärdi“16.
14
15
16
S. P. Carey, William Carey (London: Hodder & Stoughton, 1923), 256.
Lettie B. Cowman, Charles E. Cowman (Los Angeles: Oriental Mis­sionary
Society, 1928), 269.
Mrs. Hudson Taylor, Pastor Hsi (London: China Inland Mission, 1949), 164,
167.
90
R uhy
ýolbaşçylyk
Şunuň ýaly ukyp Nehemýada bardy. Ol Iýerusalime gelende,
ysraýyllylar aşa sustupesdiler we ruhdan düşendiler. Nehemýa
gysga wagtyň içinde olardan başarjaň işçi toparyny gurady. Onuň
ruhlandyryjy güýji şeýle täsirlidi welin, biz tizara „halk işlemegi
ýüregine düwdi“ (Nehemýa 4:6) — diýen sözleri okaýarys.
General Mark Klark täze alnan esgerleriň toparyna ýüzlenip,
Uinston Çerçill hakda gürrüň berdi: „Ondan başga ýene bir
adamyň agyr ýagdaýlarda şeýle gazaply buýrugy berip, şol
bir wagtyň özünde-de, tabynlygyndakylarda güýç, ynamlylyk,
hatda şatlyk duýgusyny saklap biljek başga bir adam bardyr
diýip pikir edemok“17.
Fransiýa nemes goşunlaryna boýun synanda, Britaniýa duşmanyň
güýçlerine ýekelikde garşy durmaga mejbur bolanda, Britaniýanyň
ministrler kabinetiniň mejlisinde çuň sustupeslik höküm sürýärdi.
Çerçil zala giren badyna, ruhdan düşen ministrlere nazaryny aýlap:
„Jenaplar, bolup geçýän wakalar meni diýseň ruhlandyrýar“ —
diýýär. Onuň öz halkyny aýgytly hem netijeli kontrhüjüme girmäge
aýaga galdyrmagy başarandygy geň zat däldir.
Guramaçylyk ukyplary
Ýolbaşçy her neneň ruhy bolsa-da, guramaçylyk ukyby
bolmasa, oňa öz alan görnüşini amala aşyrmak başartmaz.
Elbetde, islendik guramada belli bir göze görnüp duran howp
bolýar, sebäbi aşa gözegçilik Mukaddes Ruhuň işiniň şowly
çalşygy bolup biljegi gümanadyr. Ýöne usulyň ýetmezçiligi we
guramaçylygy başarmazlyk umyt berýän gullukçylaryň köpüsini
şowsuzlyga alyp bardy.
Işaýanyň kitabynda: “Reb hakykat Hudaýydyr“ (Işaýa 30:18)
diýilýär. Şu ýerde „hakykat“ diýlip terjime edilen söz sistemany,
17
Маrk Klark (1896–1984) Ikinji jahan urşy wagtynda, ABŞ-nyň ýaragly
güýçlerinde general — leýtenant boldy. Italiýan kampaniýasy wagtynda,
Bäşinji goşun onuň komandowaniýesi astynda boldy, Koreýadaky
ýaragly dawalar wagtynda, ol BMG-nyň birikdirilen tutuş güýçlerine
baştutanlyk etdi.
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 91
kanuny, tertibi, usullylygy aňladýar. Şonuň üçin biziň Hudaýymyz
yzygiderlidir we belli bir tertibi saklaýandyr. Jenap Jorj Smit,
Mukaddes Kitaba berlen teswirlemäniň awtory: „Ajaýyp hakykat
Gudratygüýçli we hemmä rehimli bolan Hudaýyň hemme zatda
usulynyň bardygynda jemlenendir. Ýekeje dinem, eger bu
jähtleriň hemmesine deň derejede üns bermese, gutarnykly ynam
nyşanyny işläp düzüp ýa-da adamlara ähmiýetli täsiri azajygam
ýetirip bilmeýär“18.
Biziň borjumyz Hudaý üçin edýän zatlarymyzyň hemmesinde
Onuň şu tertipliligini görkezmekden ybaratdyr. Hoşhabarçynyň
wezipesi adamlardan patyşalyk gurnamakda jemlenen däldir,
şeýle-de bolsa, oňa jikme — jik planlaşdyrylan zady doly
äsgermezçilik etmek bolmaýar. Adamlaryň gutulyşa gelmeklerinde
biz Mukaddes Ruha bil baglaýarys, ýöne Hoş Habary ýaýratma
boýunça bize öz planymyzy işläp düzmek we ony durmuşa
ornaşdyrmak hem gerekdir.
Uesli guramaçylygyň şeýle bir güýjüne eýe bolupdyr welin, ol
güýç şu wagta çenli-de, onuň esaslandyran ýygnagynda duýulýar.
Onuň juda ezber guramaçy bolandygy sebäpli, Uesli şägirtlerini
öz barlygyndan we ýolbaşçylygyndan mahrum edip, dünýäden
ötende-de, onuň başlan hereketi yranmady. Onuň adamlara baha
berme başarnygy, her bir adamyň zehinini missiýanyň bähbidi
üçin ulanma sungaty, şeýle hem, öz yzy bilen barýanlardan
wepalylyk hem tabynlyk görmegi şeýle beýik boldy welin,
onuň alyp baran hereketi beýleki köp guramalaryň başyna inen
betbagtlykdan gaça durdy19.
Diňleme terapiýasy
Zatlaryň anygyna ýetmek üçin ýolbaşçy özünde diňleme ukybyny
kämilleşdirmelidir. Juda köp güýçli şahsyýetler özleriniň gürlänini
18
19
George Adam Smith, The Book of Isaiah (London: Hodder & Stough­ton,
n.d.), 229.
James Burns, Revival, Their Laws and Leaders (London: Hodder & Stoughton,
1909), 311.
92
R uhy
ýolbaşçylyk
gowy görýärler. „Ol hatda meni diňlemeýärem. Ol men entek ýüze
çykan meseläni suratlandyrmaga ýetişmänkäm, jogap berýär“ —
diýip, bir missioner arz edýär.
Ençeler gürrüňdeşiňi ünsli, duýgudaşlyk bilen diňlemekligi
peýdasyz — kimdir biri öz nukdaýnazaryny beýan edip bolaryna
garaşyp, diňe wagt ýitirmek — hasaplaýarlar. Ýöne hakyky diňleýji
gürrüňdeşine hakykatdan düşünmegi özüne maksat edip goýýar.
Köplenç sorag dogry formulirlenende, onuň ýarysy çözlen bolýar.
Betbagtçylyga uçran bir missioner: „Eger ol meni diňlän bolsady!
Maňa kimdir biri bilen öz betbagtçylygymy paýlaşmak gerekdi“
— diýip arz etdi.
Duýgurlyk görkezmek isleýän ýolbaşçylar köplenç hem uzak
diňlemelidirler, gysgajyk hem seýrek gürlemelidirler. „Ýolbaşçy“
diýlip atlandyrylýanlaryň köpüsi özlerini diňläp oturardan juda
işli hasaplaýarlar. Hakyky ýolbaşçylar başgalary diňläp geçiren
wagtynyň biderek ýitirilen däldigini bilýärler.
Syýasatçy bolmakçy bolan bir adam kazy Oliwer Uendell Holmsa
saýlawda nädip ýeňmelidigi babatda maslahat sorap ýüz tutýar.
Holms: „Adamlary duýgudaşlyk hem düşünmek bilen diňlemeklik
— bu, elbetde, dünýäde adamlar bilen gowy gatnaşykda bolmagyň
we olaryň dostluk söýüjiligini uzak wagtlyk gazanmanyň iň täsirli
serişdesidir“ — diýip jogap berýär20.
Hat ýazma sungaty
Islendik ýolbaşçylyk işi hatlaryň ep — esli mukdary bilen
baglanyşyklydyr, hatlar bolsa, mydama awtoryň şahsyýetini
açyp görkezýändir. Mysal hökmünde resul Pawlusy alyp göreliň.
Biz onuň ahlak arassalygy, paýhasly päk ýürekliligi we ruhy
durmuşy hakda başga çeşmelere seredende, öz ýazan hatlaryndan
köpräk bilýäris. Agyr ýagdaýlar Pawlusdan ünsi talap edende,
ol perosyny kislota däl-de, gözýaşlara batyrdy. „Men size agyr
muşakgat we ýürek gorkusy zerarly köp gözýaş döküp… ýazdym“
(2 Коrintoslylar 2:4).
20
World Vision, February 1966, 5.
Ýolbaşçyda ýene nähili häsiýetler bolmaly 93
Azaşan korintoslylary paş ediji haty ýazandan soň, Pawlusyň
duýgur ýüregi özüniň aşa berk tutujy bolan bolmanyny bilmäge
ony meýillendirdi. „Çünki hatym bilen sizi gaýgylandyran bolsam
hem ökünmeýärin. Ökünen bolsam-da — çünki ol hatyň az wagt
hem bolsa, sizi gaýgylandyranyny görýärin — indi begenýärin.
Gaýgylananyňyza däl-de, toba üçin gaýgylananyňyza begenýärin“
(2 Коrintoslylar 7:8, 9). Hatyň maksady jedelde ýeňmek däl-de,
ýüze çykan ruhy meseläni çözmekdi we Korintosdaky mesihilere
kämilräk bolmaga kömek etmekdi.
Pawlusyň hatlary ruhlandyryjy sözlerden doly, öwgi aýtmaga
sahy we duýgudaşlykdan püre — pür. Onuň hatlaryny alanlaryň
hemmesi ruhlanma duýdular (Filipililer 1:27–30). Ýöne bu kimdir
biriniň ýalňyşyny düzetmek gerek bolanda, oňa gönümel bolmaga
päsgel bermedi. „Şeýlelikde, gepiň dogrusyny aýtmak bilen,
men siziň duşmanyňyz boldummy?….Şu wagt ýanyňyzda bolup,
sesimi bir gataldyp bilsedim! Çünki size näme etjegimi bilmeýärin“
(Galatýalylar 4:16, 20).
Вiziň hatlarymyzda aýdyň, düşnükli diliň bolmagy wajypdyr,
ýöne hatlarda ýerlikli ruhuň bolmagy has-da wajypdyr. Hat
gürleşigiň iň gowy serişdesidir. Olar agyr bir zat barada
gürrüň gidende, ýylgyryşy görkezip bilmeýär, şonuň üçin
olaryň äheňiniň ýeterlik derejede ýumşak bolmagyna aýratyn
üns bermek gerek.
Hatlar Pawlusyň öz esaslandyran ýygnaklary bilen mundan
beýläkki işindäki programmasynyň wajyp bir bölegi bolupdy. Jorj
Uaýtfil hem, edil şunuň ýaly hereket etdi. Uly mähelläniň öňünde
wagyz edenden soň, onuň mydama giç agşama çenli oturyp, täze
imana gelenleri ruhlandyrmaga çagyrýan hatlary ýazmak bilen
meşgullanandygyny aýdýarlar.
10 — NJY BAP
Hemme zatdan ýokary
Eý doganlar, öz araňyzdan ýagşy atly, Mukaddes
Ruhdan doly we akyl- paýhasly ýedi adamy saýlaň…
imandan hem Mukaddes Ruhdan doly adam bolan
Stefanusy… saýladylar.
Resullaryň işleri 6:3–5
R
uhy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Mukaddes Ruhdan
doly bolan adamlar gerek. Beýleki häsiýetlerem wajyp, ýöne
Ruhdan doly bolmaklyk hemme zatdan-da wajypdyr. Resullaryň
işleri kitaby — bu ýygnagy esaslandyranlaryň we missionerçilik
hereketlerine ýolbaşçylyk eden adamlaryň taryhydyr. Irki ýygnakda
hatda ýolbaşçy wezipeleri eýelemedikleriňem, „Mukaddes Ruhdan
doly bolmagyň“ iň esasy şert bolandygy asla tötänden bolan zat
däldir. Bu gullukçylar, şeýle hem, dogruçyllyk hem adalatlylyk
bilen tapawutlanmaly bolupdyrlar, ýöne ilkinji nobatda özleriniň
ruhulygy bilen tapawutlanmaly bolupdyrlar. Aýdyň akla ýada adamlara ýolbaşçylyk etmäniň aňrybaş sungatyna eýe
bolmak bolar, ýöne ruhulygyň bolmasa, hakyky ruhy ýolbaşçy
bolmak mümkin däldir.
Resullaryň işiniň başyndan agdyklygynyň aňyrsynda Öz işini
ýerine ýetirýän Mukaddes Ruhuň hereketi dur. Onuň ýygnagy
dolandyrma işini, Onuň Hoş Habary ýaýratma planyny işläp
düzmekdäki alyp baryjy roluny görmezlik mümkin däl. Ruh dünýewi
ýa-da ten höwesli ýolbaşçylara ygtyýar bermeýär. Hatda iş özbaşyna
hiç hili ruhy taglymaty aňlatmaýan bolsa-da, ony ýerine ýetirmek
üçin Mukaddes Ruhdan doly we Ol tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän
gullukçylar zerurdyr. Patyşalyk üçin ýolbaşçylary saýlamaklyk
dünýewi akyldarlyga, maddy ýagdaýa ýa-da sosial derejä esaslanmaly
Hemme zatdan ýokary 95
däldir. Esasy şert — ruhlulykdyr. Ýygnak ýa-da missionerçilik
guramasy ýolbaşça zerur gerek bolan häsiýetleriň belli bir sanawyna
eýerende, ol şeýle etmek bilen Mukaddes Ruhy ýolbaşçylykdan
daşlaşdyrýar. Munuň netijesi şunuň ýaly heteket edýänler üçin ruhy
açlyk we ruhy ölüm bolup biler.
Ruhulyk kriteriýasyny hasaba alman ýolbaşçylary saýlamaklyk
mydama-da ruhy däl ýolbaşçylyga alyp barýar. A. T. Pirson munuň
ýaly ýagdaýy özüniň baş administratoryndan dynmagy zerur
gerek bolan uly korporasiýa bilen deňeşdirýär. Maslahatdaky we
müdirleriň arasyndaky esasy wezipeleri kem — kemden özlerini
ýolbaşçysynyň syýasaty kanagatlandyrmaýan adamlar eýeleýärler.
Olar duýdurman onuň buýruklarynyň ýerine ýetmegine päsgel
berýärler, onuň planyny bozýarlar we her hili ýol bilen onuň
syýasatyny weýran edýärler. Ozal baş administratoryň goldaw hem
hyzmatdaşlyk etme islegine duş gelen ýerinde oňa perwaýsyzlyk
bilen hereketsizlik garaşýar. Ol ahyrsoňy, korporasiýa mundan
beýläk ýolbaşçylyk etmäge düýbünden ukypsyz bolup, öz
wezipesinden boşaýança şeýle bolýar1. Şuňa meňzeşlikde
ýolbaşçylary dünýewi ýa-da materialistik dünýägaraýyş bilen
bellemeklik Mukaddes Ruha ýygnagyň ösüşiniň aladasyny etmäge
mümkinçilik bermeýär.
Mukaddes Ruh hiç haçan bir adamyň islegine garşy gidip,
ony dolandyrmaýar. Ýolbaşçylyk wezipesini Onuň bilen
bilelikdäki zähmete ýaramlylyk ýetmezçilik edýän adam eýelände,
Mukaddes Ruh ýöne bir gyra çekilýär-de, oňa öz standartlaryna
laýyklykdaky şahsy planlaryny Ruhuň kömegini almazdan durmuşa
ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Munuň gutulgysyz netijesi
ruhy däl ýolbaşçylyk bolýar.
Iýerusalimdäki ýygnak resullaryň wagyzlaryna gulak asyp, şu
ýeke –täk zerur häsiýetlere eýe bolan ýedi gullukçyny saýlady.
Olaryň Mukaddes Ruhdan doly bolan zähmetiniň kömegi bilen
1
A. T. Pierson, The Acts of the Holy Spirit (London: Morgan & Scott, n.d.),
63. Аrtur Tappan Pirson(1837–1911) wagyzçydy, ýazyjydy we Skoufildiň
teswirlemeleri bolan Mukaddes Kitaby taýýarlamaga konsultant hökmünde
gatnaşan missioner orator.
96
R uhy
ýolbaşçylyk
ýygnak beýik ak pata aldy: iýmit paýlamak we ýerdäki zatlaryň
aladasyny etmäge saýlananlar tizara özlerini Ruhuň gökdäki
ak patany ýaýradyjy ilçileri hökmünde görkezdiler. Stefanus
Mesih ugrundaky ilkinji ejir çeken mesihi boldy. Onuň ölümi
resul Pawlusyň imana gelmeginde wajyp roly oýnady. Filipus ho
şhabarçy boldy, şonuň üçin Ruh ony Samarýada beýik galkynyşy
başlamak üçin ulandy. Öz zehinlerini ulanmakda we ösdürmekde
wepaly bolan ýolbaşçylar has uly işlere we gullukdaky uly
netijelilige ýol taýýarlaýarlar.
Resullaryň işleri kitaby mesihilik hereketine ähmiýetli täsir
ýetiren ýolbaşçylaryň Mukaddes Ruhdan doly bolanyny aýdyň
görkezýär. Şägirtlerine Iýerusalimde ýokardan güýç almak üçin
garaşmagy buýruk Bereniň Özüniň „Mukaddes Ruh we güýç
tarapyndan“ mesh edilendigi ýazylypdyr (Resullaryň işleri
10:38). Balahanada bolan 120 şägirtleriň „hemmesi-de, Mukaddes
Ruhdan doldular“ (Resullaryň işleri 2:4а). Petrus sinedriona
ýüzlenende, Mukaddes Ruhdan doldy (Resullaryň işleri 4:8)
Stefanus Mukaddes Ruhdan dolup, Mesih hakda şaýatlyk etdi
we görgi göreniň ölümi bilen öldi (Resullaryň işleri 6:3–5, 7:55).
Pawlus özüniň adaty bolmadyk gullugyny Mukaddes Ruhdan
dolup başlady we dowam etdi (Resullaryň işleri 9:17; 13:9).
Ваrnabas, Pawlusyň missionerçilik syýahatyndaky ýoldaşy,
Mukaddes Ruhdan doludy (Resullaryň işleri 11:24). Eger ruhy
ýolbaşçy üçin göze görnüp duran wajyplygyny görmesek, onda
täsin körlügi görkezeris.
Ýygnagyň bu birinji ýolbaşçylary Mukaddes Ruhuň
ugrukdyrmasyna duýgur boldular. Olar özleriniň erkini Mukaddes
Ruha berendikleri sebäpli, Onuň görkezmelerine şatlyk bilen tabyn
boldular we Onuň aýdanlaryna eýerdiler. Edil beýik galkynyş
doly derejesinde gidip durka, Filipus Samarýany terk edip, çöle
gitdi, ýöne ol şeýle etmek bilen nähili ajaýyp täze imana gelen
adamy Mesihe getirdi (Resullaryň işleri 8:29–39)! Mukaddes Ruh
Petrusa öz ters pikirlerini ýeňip, Korneliusyň ýanyna gitmäge
kömek etdi. Bu bolsa, butparazlyk dünýäsini ak pata alyp bardy
(Resullaryň işleri 10:9–23; 11:1–18). Ruh Pawlus bilen Barnabasy
çagyryp, olary ýygnagyň ilkinji missionerleri hökmünde ugratdy
Hemme zatdan ýokary 97
(Resullaryň işleri 13:1–4). Pawlus özüniň işjeň durmuşynyň
bütin dowamynda, Mukaddes Ruh özüni nämedir bir zada
höweslendirende ýa-da belli bir hereketlerden saklanda, Oňa tabyn
boldy (Resullaryň işleri 16:6–8; 19:21; 20:22). Iýerusalimdäki
ýygnagyň ýolbaşçylary Ruha tabyn boldular. „Çünki Mukaddes
Ruh we biz … unadyk“ — ýolbaşçylaryň ýygnagy öz kararyny
şeýle seslendirdi (Resullaryň işleri 15:28).
Hoş Habary butparazlara ýetirmeli bolanda, Mukaddes Ruh
olara arka durdy. Mukaddes Ruhuň iň beýik maksady missionerçilik
işidir. Bizem şu maksada eýermeli dälmidiris?
Men şu setirleri ýazyp otyrkam, Mukaddes Ruh gullukçylara
täze görnüşleri berip we olarda gulluk etmäge gyzgyn islegi oýaryp,
Aziýa ýygnaklarynda zähmet çekýär. Mysal üçin, Ýaponiýanyň
ýygnaklary özleriniň missionerlerini ýeriň köp künjeklerine
— Taýwandan başlap, Braziliýa çenli — iberdi. Demirgazyk
amerikan we Ýewropa missiýalarynyň sanlary üýtgewsizligine
galanda, gökdäki Strateg Aziýa ýygnaklaryny galkyndyryp, olara
özleriniň missionerlik borçlaryny ýerine ýetirmäge kömek etdi.
Şu wagtjygam, „üçünji dünýäniň“ üç müňden gowrak mesihisi
Hudaýyň missionerçilik çagyryşyna eýerdi.
Pawlus Efesdäki ýygnak ýolbaşçylaryna özleriniň wezipesine
nähili garamagyň gerekdigini düşündirýär: „Özüňize we Reb
Hudaýyň Öz gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin,
Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine
göz-gulak boluň“ (Resullaryň işleri 20:28). Bu ýolbaşçylar özleriniň
wezipelerini resullaryň saýlawynyň ýa-da umumy ses bermäniň
arkasyndan däl-de, ýokardan bellemäniň arkasyndan eýelediler.
Olar diňe bir ýygnagyň öňünde däl-de, eýsem, Mukaddes Ruhuň
öňünde hem hasabat berdiler. Munuň ýaly taglymat olara nähili
ajaýyp ynamlylygy, nähili öz jogapkärçiligiňi duýmany, nähili ruhy
abraýy getirdi we bize-de getirmegi dowam etdirýär!
Resullar Pentikost baýramçylygynda Mukaddes Ruhdan
dolmazdan, özleriniň öňlerinde duran adatdan daşary ýumşuň
hötdesinden nädip gelip bilerdiler? Şeýtana we dowzaha garşy
ylalaşyksyz göreşi alyp barmak üçin olara adatdan daşary
kuwwatlylyk zerur (Luka 24:49; Еfesliler 6:10–18).
98
R uhy
ýolbaşçylyk
Mukaddes Ruhdan doly bolmaklyk mesihiniň öz janyny we öz
erkini Mukaddes Ruha meýletin bermegini gürrüňsiz aňladýar.
Imanyň kömegi bilen şahsyýet Ruhdan dolýar, ondan soň Ol
mesihini ugrukdyryp we dolandyryp başlaýar. „Doldurmak“ sözi
„perwaýsyz gaby doldurmagy“ aňlatmaýar-da, „ýolbaşçylygy öz
üstüňe akyl bilen almagy“ aňladýar. Biz sözüň şu manysyny Lukanyň
Hoş Habaryndan tapýarys: Isanyň görkezen gudratynyň şaýatlary
„gorkudan doldular“ (Luka 5:26). Mukaddes Ruhdan özümizi
doldurmagyny soranymyzda, Ol täsin güýç hem ruhubelentlik bilen
durmuşymyzy gurşap alýar.
Mukaddes Ruhdan doly bolmaklyk Ruh tarapyndan
dolandyrylýan bolmagy aňladýar. Mesihi ýolbaşçynyň akly,
duýgylary, erki we fiziki mümkinçilikleri Mukaddes Ruha elýeter
bolýar, şonuň üçin Ol olary ulanyp, dogry ýola ugrukdyrýar.
Mukaddes Ruh işläp başlanda, ýolbaşçynyň tebigy zehinleri
ýokary derejesine çenli ösýär-de, mukaddes maksada ýetmek
üçin bereketlenýär. Häzirem söndürilmedik we kemsidilmedik
Mukaddes Ruhuň zähmetiniň üsti bilen ýolbaşçynyň durmuşynda
Ruhuň ähli miweleri ösüp başlaýar. Şol ýolbaşçynyň wagzy has
üstünlikli, gullugy durnukly, şaýatlygy has ynandyryjy bolýar.
Islendik hakyky mesihilik gullugy Oňa tabyn bolan mesihiler
arkaly Mukaddes Ruhuň güýjüniň ýüze çykmasyndan başga
zat däldir (Ýahýa 7:37–39).
Еger Ruhdan dolysyran bolsak ýa-da Mukaddes Ruhuň
ýolbaşçylygyna doly tabyn bolma islegimiziň öňüni saklasak, onda
öz — özümizi E. W. Tozeriň duýdurýan kyn ýagdaýyna salarys:
Ýagşyny we ýamany tapawutlandyrma duýgusy endik
bilen öwrenilen ýekeje adamam, Mukaddes Ruhdan
dolmaga dyrjaşýan höwesli, şol bir wagtyň özündede, günä bilen serhetleşýän ahlak taýdan aladasyzlykda
ýaşamagy dowam etdirýän janlary görende, gaýgylanman
bilmez. Içinde Mukaddes Ruh ýaşaýan islendik adam öz
durmuşyny derňäp, gizlin kanunsyzlygyň bar ýoklugyny
bilmäge borçludyr. Ol Hudaýyň Mukaddes Ýazgyda açylan
häsiýetleri bilen ylalaşmaýan zatlaryň hemmesinden ýüregini
Hemme zatdan ýokary 99
arassalamalydyr… ýamanlyga geçirimlik edip bolmaz,
Hudaýyň ýigrenýän zady bilen oýun etmek bolmaýar2.
Mukaddes Ruhdan dolmaklyk ruhy ýolbaşçy üçin gaty wajypdyr.
Biziň her birimiz Mukaddes Ruhdan näderejede dolmak islesek,
şonuň ýaly hem doludyrys.
Ruhy sylaglar
Bütin dünýädäki mesihiler entek açylmadyk ýa-da ulanylmadyk
ruhy sylaglara eýedirler. Ýolbaşçy şol sylaglary Patyşalyga gulluk
etmek üçin kesgitlemelidir, olary ösdürmelidir, mümkin boldugyça,
olary paýlamalydyr. Diňe bir ruhulyk ýolbaşçyny şeýle etmeýär,
onda Hudaýdan alnan tebigy zehinleri we sylaglary bolmalydyr.
Вiziň ýamanlyga garşy alyp barýan urşumyzda Rebbiň özümize
ýygnagyň ruhy sylaglary görnüşinde beren adatdan daşary
ýaraglary zerur gerekdir. Ruhy sylaglar netijeli ulanylar ýaly, olar
ruhy merhemet bilen baýlaşdyrylmalydyr.
Hemişe bolmasa-da, örän köp halatlarda, Mukaddes Ruh
ýolbaşçy mesihä öz häsiýetine we şahsyýetine diýseň gowy gabat
gelýän sylaglary berýär. Meşhur metodistik wagyzçysy Samýuel
Çedwik bir gezek Mukaddes Ruhdan doly bolan wagtynda, özüniň
täze akyl däl-de, täze pikirleniş; täze dil däl-de, täze Mukaddes
Kitaby alanyny aýtdy. Çedwigiň tebigy ukyplary ösdi, olara täze
ýaşaýyş bilen täze güýç salnandy.
Mesihiniň durmuşynda ruhy sylaglaryň peýda bolmagy tebigy
zehinleri aradan aýyrmaýar-da, olary kämilleşdirýär we giňeldýär.
Isa Mesihde täzeden dogulmaklyk tebigy häsiýetleri üýtgetmeýär,
ýöne ol häsiýetler Mukaddes Ruhuň ýolbaşçylygy astynda goýlup,
täze hereketlere öwrülýär. Köplenç gizlin ukyplaram tapylýar.
Hudaý tarapyndan ruhy ýolbaşçylyga çagyrylan islendik
adam özüne Mukaddes Ruhuň şu pursatda alyp gitmegi gerek
bolan gullugy üçin zerur bolan sylaglaryň hemmesini berendigine
ynamly bolup biler.
2
D. J. Fant, A. W. Tozer (Harrisburg: Christian Publications, 1964), 73, 83.
11 — NJI BAP
Doga etmek we
ýolbaşçylyk
Her zatdan öň şuny ündeýärin: ähli adamlar… üçin
dilegler, dogalar, ýalbaryşlar hem şükürler edilsin.
1. Тimoteos 2:1
R
uhy ýolbaşçy doga etmeklige degişli bolan zatda bütin
ýygnakdan öňde gitmelidir. Şeýle-de bolsa, doga etme durmuşyny
tükeniksiz ösdürmegiň mümkindigine hatda iň tejribeli ýolbaşçy
hem akyl ýetirýär. Ol özüniň „eýýäm ýokary derejä ýetendigini“
hiç haçan duýmaz. Dekan* S. J. Wogan bir gezek: „Eger men
haçan hem bolsa bir wagt kimdir birini öz ýerime goýmak islesem,
şonda men ondan özüniň doga etmek babatda işleriniň nähilidigini
sorardym. Men mukdary boýunça ajy boýun almalarda bu tema
bilen deňeşip biljek ýekeje temany-da bilemok“ diýýär.
*Iňlis ýygnagynda we katoliklerde „dekan“ sözi ululygy
boýunça ýepiskopdan soňky derejedäki ruhy adamy aňladýar. —
Terjimeçiniň belligi.
Doga etmeklik — bu dini duýgulary beýan etmäniň iň
gadymy, iň uniwersal we iň intensiw usulydyr. Bu hem çaganyň
dilinden çykýan ýönekeý sözlerdir, hem garry adamlaryň
joşgunly ýalbaryşlarydyr. Şeýdip, çagalaram, garrylaram
gökdäki tagta ýetýärler. Doga etme mesihiniň dem alşydyr
we mähriban atmosferasydyr.
Ýöne her neneň täsin bolsa-da, doga etmäni örän kyn görýäris.
Biz Hudaýa ýakynlaşanymyzda, tebigy guwanjy duýmaýarys.
Köplenç doga etmäniň güýjüni we onuň berýän lezzetini diňe
sözde ykrar edýäris. Biz doga etmäniň mesihiniň durmuşyndaky
Doga etmek we ýolbaşçylyk 101
zerur häsiýet bolup durýandygyny aýdýarys. Biz Ýazgynyň
doga etmeklige çagyrýanyny bilýäris, şeýle-de bolsa, biz köplenç
doga etmeýäris.
Geliň, doga etmegi doglanyndan bäri islemeýänleriň bu islegi
ýeňip, doga etmekde aňrybaşy bilen güýçli bolan mukaddes
ýolbaşçylardan özümize goldaw tapmaga çalşalyň. Samýuel Çedwik
hakda şeýle ýazypdyrlar:
Оl iň ýokary derejesinde doga etmekligiň adamydy. Her gün
irden altydan soň, ol eýýäm aýak üstünde bolýardy. Onuň kiçijik
otagy bardy, ol bu otagy ýekelikde bolunýan mukaddesleriň
mukaddesine öwrüpdi. Ol bu ýerde ertirlik edinmezinden öň,
Reb bilen gepleşip, wagtyny geçirýärdi. Ol adamlaryň ýanynda
hut Hudaýa ýekelikde doga etmekde yzygiderli bolany üçin
şeýle güýçli doga edip bilýärdi… doga eden wagtynda, ol
Hudaýdan herekete garaşýardy. „Men ýeterlik derejede doga
etmänime ökünýärin. Men azrak zähmet çekip, köpräk doga
eden bolsam, gowy bolardy. Ýüregimiň jümmüşinde men
isleýşim ýaly gowy doga etmänime gynanýaryn“ — diýip, ol
ömrüniň ahyrynda ýazýar1.
„Men doga etmäge başlanymda, ýüregim Hudaýyň ýanyna
uly höwessizlik bilen barýar, soň bolsa, Onuň ýanynda islegsiz
durýar“ — diýip, bir meşhur mesihi boýun aldy. Bu ýerde özüňi
tertip — düzgüne salmaklyk işe girişýär. „Doga etmegi düýbünden
islemezligi duýanyňyzda, oňa ýan bermäň-de, bar güýjüňizi jemläp
doga ediň, özüňiz doga etmäge ukypsyz ýaly bolup görünseňizem,
barybir doga ediň“ — diýip, ol maslahat berýär.
Doga etme sungatyny kämilleşdirmegem, beýleki zatlaryň
hemmesi ýaly, wagty talap edýär. Biziň muňa bagyş eden
wagtymyzyň mukdary özümiziň doga etmeklige näderejede uly
ähmiýet berýändigimizi kesgitlär. Özümize zerur zada biz mydamada wagt tapýarys. Doga etmäge wagtyny az sarp edýänleriň iň giň
ýaýran bahanasy etmesi zerur bolan zatlaryň — bütin günümizi
1
N. G. Dunning, Samuel Chadwick (London: Hodder & Stoughton, 1934), 19.
102
R uhy
ýolbaşçylyk
dolduryp duran işlerimiziň we borçlarymyzyň — sanawydyr.
Martin Lýuter üçin borçlaryň her bir goşmaça ýüki dogany az
däl-de, köpräk etmek üçin ýeterlik bolan sebäp bolupdyr. Onuň
diňe ertirki gününiň planyny suratlandyryşyna serediň: „Iş ir
ertirden giç agşama çenli üznüksiz zähmetdir. Umuman, maňa
ertir şeýle köp iş etmek gerek, şonuň üçin ilkinji üç sagadymy
doga etmeklige bagyş etjek“.
Еger Martin Lýuter işi başyndan agdyk bolsa-da, doga eden
bolsa, onda şeýle etmäge bizem ukyplydyrys.
Doga etmäniň nähili täsir edýänini takyk suratlandyrmaga
çalşyň, şonda siz şobada örän kyn tapmaçalaryň birgidenine
duş gelersiňiz. Ýöne doga etmäniň täsirine şübheçillik bilen
garaýanlar adatça doga etmeklige perwaýsyz seredýän ýa-da
Hudaý Öz islegini açanda, Oňa tabyn bolmaga meýilli bolmadyk
adamlar bolup çykýarlar. Eger doga etmesek, onda biz doga
etmäniň nämedigine düşünip bilmeris. Ýekeje filosofiýa-da, hiç
haçan doga etmegi öwreden däldir. Akyl bilen baglanyşykly
bolan doga etmäniň tebigaty baradaky soraglar jogap berlen
doganyň şatlygynyň we Hudaý bilen has ýakyn aragatnaşyklaryň
netijesinde çözülýär.
Öýkünmek üçin nusga tapmaklyga dyrjaşýan mesihi ýolbaşçy
Isanyň Özüniň göreldesine ýüzlense, onda dogry hereket eder.
Biziň doga etmäniň wajyplygyna bolan ynamymyz Isanyň
durmuşyny synlamadan syzyp çykýar. Eger bir adam ömrüni
özbaşdak, doga etmän geçirip bilse, onda şol hem, Hudaýyň
Oglunyň Özi bolardy. Eger doga etmeklik akmaklyk bolan bolsa,
onda Isa doga etmeklige wagt ýitirip durmazdy. Ýöne, saklanyň!
Doga etmeklik Isanyň durmuşynyň iň wajyp tapawutlandyryjy
häsiýetnamasy we Onuň taglymatynyň mydamalyk bölegi
bolupdy. Doga etmäniň kömegi bilen Onuň alan ahlak görnüşi
aýdyňlygyna we durulygyna galypdyr. Doga etme Oňa kämil,
ýöne Atasynyň aňsat bolmadyk islegini ýerine ýetirmäge batyrlyk
berdi. Doga etme Özgermä tarap ýol açdy. Isa üçin doga etmeklik
ýaşaýşyň derrew ýüz öwrüp bolýan üstüni doldurmasy däl-de,
şatlyk getirýän borç bolupdy.
Doga etmek we ýolbaşçylyk 103
Lukanyň Hoş Habarynda biz Rebbiň gündelik durmuşyny
ýagtylandyrýan umumy belligi tapýarys: „Emma Ol çöllere
çykyp doga edýärdi“ (Luka 5:16). Bu ýerde bir gezekki waka
hakda däl-de, hoşhabarçynyň bir jümlede beýan eden köp
gezekleri gürrüň berilýär. Doga etmek üçin ýekelikde bolmany
gözlemeklik Rebbimiziň endigidi. Ol adamlaryň ýanyndan
giden wagtynda, düzgün bolşy ýaly, uzaklara, ýaşalmaýan
ýerlere gidýär — Ol çola ýerlere gitdi. Şeýle köp kuwwaty,
ruhy güýji bolan Kişiniň Özüniň ýadaw ruhuny täzelemek
üçin güýjüň çeşmesine mydama ýüz tutmanyň Özi üçin
wajyp hasaplandygy şol döwrüň synlaýjylary üçin diýseň
birgeňsi bolup görünýär. Onuň, Ýaşaýşyň Şasynyň, Ebedi
Sözüň, Hudaýyň ýeke — täk Oglunyň, mätäç bolan wagtynda
merhemet sorap, Hudaýyň tagtynyň öňünde kiçigöwünlilik
bilen dyza çökmegi biziň üçin has-da täsin görünýär2.
Mesih uzak gijelerini doga edip geçirdi (Luka 6:12). Atasy bilen
gürleşmäge hiç zat päsgel bermez ýaly, Isanyň daň atýança doga edip
duran wagty seýrek bolmady (Мarkus 1:35). Onuň durmuşynda
we gullugynda iň uly öwrülişik Lukanyň Hoş Habarynda: „Ol
çöllere çykyp doga edýärdi“ (Luka 5:16) diýlip ýazylyşy ýaly, uzak
wagtlap has yhlasly doga etmeginden başlandy. Bu aýatdaky sözler
doga etmäniň Isa üçin özüňi alyp barşyň kadasy, girizilen tertip
bolandygyna şaýatlyk edýär. Isa sözleri hem şahsy göreldesi bilen
ýekelikde doga etmäniň wajyplygyny görkezip, şägirtlerine ündew
berdi. (Мarkus 6:46 — bäş müň adamy doýran badyna; Luka 9:28
— Keşbi üýtgemezinden öň). Belli bir ruhy gullugy ýerine ýetirmek
üçin kollektiwi saýlama jogapkärçiligi üstünde bolan adam üçin
Özüne resullary saýlamazdan öň, uzak gijäni doga edip geçiren
Rebbiň Özi diýseň gowy görelde bolýar (Luka 6:12).
Rebbem, Onuň guly Pawlusam, çyn ýürekden edilen doganyň
pikire batyp arzuw etmeklik däldigini diýseň aýdyň görkezdi. J.
G. Jouett: „Islendik çyn ýürekden edilýän doga adamyň ýaşaýyş
2
D. M. Mclntyre, The Prayer Life of Our Lord (London: Morgan & Scott,
n.d.), 30–31.
104
R uhy
ýolbaşçylyk
güýjüni azaldýar, Hakyky töwellaçylyk — bu ganyny akdyryp
duran gurbanlykdyr“ — diýip ýazypdyr. Isa hiç hili dartgynsyzlyk
bilen gudratlar görkezdi, ýöne „uly perýat, gözýaşlar bilen dogalar
hem ýalbaryşlar hödürledi“ (Ýewreýler 5:7).
Käwagt biziň dogalarymyz Pawlusyň ýa-da Epafranyň eden
dogalarynyň ýanynda ejiz hem görnüksiz bolýar. Pawlus: „… Epafra
size salam aýdýar. Ol …dogalarynda hemişe siziň üçin göreşýär“
(Коloseliler 4:12) — diýip ýazýar. Pawlus şol hatynda: „Meniň siziň
üçin… nähili uly göreş alyp barýandygymy (ýeňşimiň bardygyny)
siziň bilmegiňizi isleýärin“ (Коloseliler 2:1). Bu parçada „ýeňiş“
hökmünde terjime edilen grek sözünden „janhowly“, „janhowluna
düşmek“ ýaly sözler hem gelip çykýar. Bu söz doly surnugýança
jan edip işleýän adamy (Коloseliler 1:29) ýa-da baýrak aljak bolup,
ýeňil atletika ýaryşlaryna gatnaşýan adamy aňlatmak üçin ulanylýar
(1 Коrintoslylar 9:25). Оl, şeýle hem, öz jany üçin söweşýän esgeri
(1 Тimoteos 6:12) ýa-da öz dostlaryny howpdan halas etmek üçin
hemme zady edýän adamy suratlandyrmak üçin ulanylýar (Ýahýa
18:36). Çyn ýürekden edilýän doga — bu gaty beýik akyl tertip —
düzgünini we ünsi jemlemäni talap edýän ruhy maşkdyr.
Bizi Pawlusyň, has takygy doga etme babatda adamlaryň arasynda
deňi — taýy bolmadyk adamyň: „biz nähili doga etmelidigimizi
bilmeýäris“ — diýip boýun almagy, mundan soň hem, „Ruhuň
Özi aýdyp bolmaz iňňildiler bilen biziň üçin töwella eder. Emma
ýürekleri Derňeýän Ruhuň pikiriniň nämedigini bilýändir, çünki
Ruh mukaddesler üçin Hudaýyň islegine görä töwella edýändir“
(Rimliler 8:26, 27) — diýip sözüniň üstüne howlukmaçlyk bilen
ýetirmegi bizi ruhlandyryp biler. Ruh dogada bize goşulýar-da, Öz
haýyşlaryny biziňkä goşýar.
Ruhda doga ediň
Mesihileriň hemmesine doga etme sungatyny öwrenmek gerek, bu
işde Mukadees Ruh iň gowy Mugallymdyr. Ruhuň doga etmekde
berýän kömegi Mukaddes Kitapda Onuň başga ýagdaýlarda
edýän kömeginden köp ýatlanylyp geçilýär. Çyn ýürekden çykýan
dogalaryň hemmesi Ruhuň biziň kalbymyzdaky zähmetiniň
Doga etmek we ýolbaşçylyk 105
arkasyndan edilýär. Pawlus ýaly, Ýahuda-da, iň täsirli doganyň
„Ruhda edilen dogadygyny“ görkezýär. Bu biziň hem, Mukaddes
Ruhuň doga edýän ugrunda, zatlary barada we tutup doga edýän
ady bilen doga edýändigimizi aňladýar. Çyn doga özümizde ýaşaýan
Ruhuň kömegi bilen mesihiniň ruhunda göge galýar.
Ruhda doga etmek iki sebäbe görä wajypdyr. Birinjiden, biz
Mukaddes Ruhuň sferasynda doga etmelidiris, sebäbi Ol mesihiniň
durmuşynyň gurşawy hem atmosferasydyr. Bu käwagt bize
başartmaýar. Dogalaryň köpüsi ruhy däl-de, psihiki, akyl taýdan
edilen doga bolup durýar. Munuň ýaly doga diňe akyl ulgamynda
bolup, Ruhuň özümize öwredýän zatlarynyň däl-de, öz pikirlerimiziň
netijesi bolýar. Emma hakyky doga has çuň bolýar. Ol teniň fiziki
mümkinçiliklerini ulanýar, akylyň hökmany hyzmatdaşlygyny talap
edýär, Mukaddes Ruhuň adatdan daşary ulgamynda bolup geçýär.
Munuň ýaly doga ruhy ulgamda, göklerde, hakyky abraýa eýe bolýar.
Ikinjiden, bize Mukaddes Ruhuň güýji we gaýraty bilen doga
etmek gerek. „Her hili doga we dileg bilen, hemişe Ruhda doga ediň.
Şu maksat bilen bütin mukaddesler üçin ýalbaryp, durnuklylykda
hüşgär boluň“ (Еfesliler 6:18). Doga etme wezipesiniň adam güýji
ýeterden ýokarydygy sebäpli, onuň üçin adam mümkinçiliklerinden ýokary bolan güýç gerek. Bizde doga etme Ruhunyň bolşy
ýaly, güýç Ruhy-da bar. Adam ýürekleriniň, akyllarynyň we adam
isleginiň ajaýyp ynsanlyk netijelerini getirmegi mümkin, ýöne
Mukaddes Ruhda edilen doga ynsan mümkinçiliklerinden ýokary
bolan mümkinçilikleri azatlyga goýberýär.
Mukaddes Ruh bize höwes bilen dogada kömek edýär. Doga
etmekdäki esasy üç päsgelçiligimiziň her birini ýeňip geçmekde
biz Onuň kömegine bil baglap bileris. Käwagt bizi doga etmekden
öz ýüregimizdäki günä saklaýar. Biz Hudaýa ynanmakda we
kiçigöwünlilikde berkänimizde, Mukaddes Ruh bizi ähli günälerden
arassalaýan Mesihiň ganynyň ýanyna alyp barýar.
Käwagt hem, doga etmegimize akylymyzyň nadanlygy päsgel
berýär. Ýöne Ruh Hudaýyň akylyny bilýär, şonuň üçin hem, eger
garaşyp, Özüne gulak assak, Ol şol bilimi biziň bilen paýlaşyp
bilýär. Ruh muny bize dogadaky belli bir haýyşyň Hudaýyň islegine
gabat gelýänine ýa gelmeýänine bolan berk ynam bermek bilen
amala aşyrýar.
106
R uhy
ýolbaşçylyk
Kä halatlarda biz tenimiziň ejizligi sebäpli, ýerdäki, ýaşaýyş
düşünjelerine aşa ysnyşykly bolýarys. Biziň syrkawlamagymyz ýada özümizi näsag duýmagymyz, ejizlemegimiz mümkin. Ruh biziň
tenimize ýaşaýyş berýär-de, bizi, ejizlik tropiki jöwza sebäpli dörän
bolsa-da, ejizligiň hötdesinden gelmäge ukyply edýär.
Mundan başga-da, edil doga etmekde bu üç päsgelçilik ýeterlik
däl ýaly, ruhy ýolbaşçy doga edende, şeýtana-da garşy durmaly
bolýar. Şeýtan onda şübhe ýa-da sustupeslik, göwnüçökgünlik
döretmek, onuň Hudaý bilen gepleşmegine päsgel bermek isleýär.
Mukaddes Ruhda biziň adatdan daşary bu duşmana garşy alyp
barýan göreşimizde, soýuzdaşymyz bardyr.
Ruhy ýolbaşçy üçin Ruhda doga etmeklik özüniň gündelik
durmuşynyň bir bölegi bolmalydyr. Biz käwagt Ruha garaşly
bolman ýaşamaga çalyşýarysmy? Dogalarymyza doly bahasyndaky
jogaby görmeýän wagtymyz bolýarmy? Biz uzak günläp doga
etmek barada okabam, özümizde doga etmäniň güýjüniň diňe kiçijik
bölegini duýup bileris. Şeýle etmek bilen biz öz gullugymyzyň
ösmegine päsgel berýäris.
Mukaddes Kitapda doga etmeklik köplenç ruhy urşa meňzedilýär.
„Çünki biziň söweşimiz … hökümdarlara garşy, ygtyýarlylara garşy,
bu garaňky dünýäniň häkimiýetlerine garşy, ýamanlygyň Gökdäki
ruhy gudratlaryna garşydyr“ (Еfesliler 6:12). Doga edilýän wagtda
söweşe üç şahsyýet goşulýar. Mesihi doga eden wagtynda, Hudaý
bilen şeýtanyň arasynda bolýar. Mesihileriň özleri ejiz bolsalar-da,
aždarha bilen Guzynyň arasyndaky göreşde wajyp roly oýnaýarlar.
Doga edýän mesihide hiç hili şahsy ygtyýary ýa-da kuwwatlylygy
bolmaýar — onda diňe mesihiniň imany arkaly birigen, ýeňiş
gazanan Mesihi bar. Iman baglanyşyga meňzeşdir. Şol baglanyşyk
arkaly hem, Golgotada gazanylan ýeňiş şeýtanyň ýesirlerine baryp
ýetip, olary garaňkylykdan ýagtylyga alyp çykýandyr.
Isa erbet adamlar we olaryň edýän hereketlerini olary günä
etmäge mejbur edýän ýamanlygyň güýçlerini alada edişi ýaly
alada etmändir. Petrusyň ret etmesiniň we Iudanyň dönükliginiň
aňyrsynda şeýtanyň ýigrenji keşbi dur. Reb:“Ýanymdan git, şeýtan“
— diýip, Petrusyň sypaýyçylyksyz ýazgarmasyna jogap berýär.
Biziň töweregimizde günä bilen daňylan, şeýtanyň ýesirleri bolan
Doga etmek we ýolbaşçylyk 107
adamlar gaty köp. Biziň dogalarymyz diňe olar üçin edilmeli dälde, eýsem, olary öz oljasy hökmünde saklap duran şeýtana garşy
hem edilmelidir. Şeýtany öz ýapyşmasyny gowşatmaga mejbur
etmek zerurdyr. Muny diňe Mesihiň haçda gazanan ýeňşiniň
kömegi bilen edip bolýar.
Isanyň günäniň netijesine garanda, onuň sebäbine köpräk üns
berendigi sebäpli, ruhy ýolbaşçy-da, doga etmäniň edil şunuň
ýaly taktikasyny almagy gerek. Mundan başga-da, ýolbaşçy özi
bilen bile bolup, bu ruhy söweşe gatnaşýanlara-da nädip kömek
etmelidigini bilmelidir.
Ajaýyp illýustrasiýalaryň birinde Isa şeýtany doly ýaraglanan
güýçli adam bilen deňeşdirýär. Munuň ýaly adamyň öýüne kimdir
biriniň girip, ýesirleri halas etmezden öňürti, öýüň hojaýynyny
daňmak zerur. Diňe şondan soň, ýesirleri üstünlikli halas etmäni
amala aşyrmak mümkindir (Мatta 12:29). „Güýçlini daňmak“ jümlesi
„şeýtanyň işlerini weýran etmäge (ýok etmäge, ýaramsyz ýagdaýa
getirmäge) gelen“ Mesihiň hemme zady ýeňip bilýän güýjüniň kömegi
bilen ony öz kuwwatyndan mahrum etmekden başga nämäni aňladyp
biler? Eger Golgotadaky ýeňişden syzyp çykýan iman dogasynyň
arkasyndan we onuň kömegi bilen islendik meseläni çözüp bolmasa,
onda bu nähili bolup biler? Eger ilki duşmany ýaragsyzlandyrmasak,
onda kimdir birini şeýtanyň zyndanyndan çykaryp biljegimize umyt
hem etmeli däldiris. Hudaý doga etme arkaly Özüniň mukaddes
ygtyýaryny açýar, bizem ynam bilen oňa özümiziň hukugymyzyň
bardygyny yglan edip bileris. „Ine, size … duşmanyň bütin güýjüni
depelemäge ygtyýar berdim“ (Luka 10:19а).
Ruhy ýolbaşçy adamlara täsirini ýetirmäniň iň netijeli usulyny
ünssüz goýmaýar. Hadson Teýloryň: „Adama diňe ýekeje doga
etmäniň üsti bilen Hudaý arkaly täsir edip bolar“ diýen sözleri
giňden meşhurdyr. Ol özüniň missionerçilik işiniň dowamynda bu
sözleriň näderejede dogrudygyny ýüzlerçe gezek subut etdi.
Iş ýüzünde ulanyň
Munuň ýaly güýjüň elýeterdigine ynanmaklyk bir zatdyr, ony
ulanmak welin, başga bir zatdyr. Adamlary ýerlerinden gozgamak
108
R uhy
ýolbaşçylyk
beýle bir ýönekeý zat däldir. Ynsan ýüreginiň kejirligi bilen iş
salyşanyňdan, material zatlar we mätäçlikler üçin doga edeniň
müň paý aňsatdyr. Ýöne hut şunuň ýaly kyn ýagdaýlarda hem,
ýolbaşçy özüniň Hudaýyň islegidir diýip hasaplaýan ugrunda
adamlaryň ýüreklerine täsirini ýetirmek üçin Hudaýyň güýjüni
ulanmalydyr. Doga etmeklik açmaly bolan gulpunyň açarynyň
roluny oýnaýar.
Adamzadyň Hudaýa „hawa“ ýa-da „ýok“ diýip bilme hukugy
onuň iň beýik bölegi hem artykmaçlygy bolup durýandyr. Adamlara
azat erk berlendir. Şeýle-de bolsa, munda kynlaşma-da bardyr.
Eger biz doga etmäniň kömegi bilen adamlaryň hereketlerine
täsirimizi ýetirip bilýän bolsak, onda erkiň azatlygyna kast etmeklik
bolmaýarmy? Bu kimdir biriniň dogasyna jogap edip, Hudaýyň
başga adamyň azatlygyny çäklendirýändigini aňlatmaýarmy?
Munuň ýaly zady göz öňüne getirmegem kyn. Ýöne başga bir
tarapdan, eger doga etme wakalaryň gidişine täsirini ýetirmeýän
bolsa, onda asla doga etmek nämä gerek?
Bellenilmesi gerek bolan ilkinji fakt — bu Hudaýyň Öz hereketlerinde mydama yzygiderliligidir we Öz — Özüne garşy
çykmaýandygydyr. Eger Hudaý doga jogap bermegi wada edýän
bolsa, onda jogap hökman bolar — onda-da, mydama Onuň
hut hudaýlyk tebigatyna laýyk gelýän görnüşde bolar, sebäbi
Hudaý „Özüni inkär edip bilmez“ (2 Тimoteos 2:13). Hudaýyň
bir sözi ýa-da hereketi Onuň beýleki sözlerine ýa-da hereketlerine
garşy çykmaýar.
Ikinjiden, bu soraglara jogap bermek üçin töwellaçylykly doganyň
Hudaýyň buýrugydygyny bilmek wajypdyr. Hudaý bize doga etmegi
buýurdy, şonuň üçin biz öz dogalarymyz belli bir talaplara gabat
gelende, jogaby hökman aljakdygymyza ynamly bolup bileris.
Hudaý azat erk bilen Özüniň doga beren jogabynyň arasynda hiç
hili garşydaşlyk görmeýär. Hudaý bize „patyşalar we ygtyýarlyklar
üçin“ doga etmegi buýruk berende, bu buýruk adamyň haýsy tarapa
hereket edýändigine we wakalaryň gidişine gizlinlikde täsir etmäniň
gizlin ukybyny göz öňünde tutýar. Eger bu beýle däl bolsa, onda
doga etmek nämä gerek? Biziň doga etme borjumyz edilen doga
berlen jogabyň netijelerine degişli bolan çekişmeden ýokarydyr.
Doga etmek we ýolbaşçylyk 109
Üçünjiden, biz öz eden dogamyz babatdaky Hudaýyň islegini
bilip bileris. Biziň Hudaýyň islegini bilme ukybymyz iman bilen
edýän dogalarymyzyň hemmesiniň esasy bolup durýandyr. Hudaý
akylymyz we ýüregimiz arkaly biziň bilen aýdyň gürleşip bilýär.
Biziň durmuşdaky işlerimiziň ähli ulgamlarynda Hudayň nähili
isleginiň bardygyny Mukaddes Kitap takyk görkezýär. Mukaddes
Ruh Hudaýyň islegi barada bize öwütler berip, ýüreklerimizde
ýaşaýar we işleýär (Rimliler 8:26–27). Öz haýyşymyza degişli
bolan Hudaýyň islegini tutanýerlilik bilen gözlänimizde Mukaddes
Ruh akylymyzy ýagtyldýar-da, ýüreklerimizi ynandyrýar. Hudaý
tarapyndan berlen munuň ýaly ynamlylyk bizi umytly doga
etmeden iman bilen doga etmeklige alyp barýar.
Hudaý nämedir bir zat bilen ýüreklerimize alada salanda, şeýle
etmek bilen bizi yzygiderli doga etmäge höweslendirende, Onuň
biziň dogalarymyza jogap bermekçi bolýandygy bar aýdyňlygy
bilen görünýär.
Bir gezek Jorj Mýullerden özüniň on bäş ýyldan bäri doga edip
gelýän iki adamy toba geler diýip, dogrudanam, pikir edýänmidigini
soraýarlar. Mýuller muňa: „Siz eger Hudaý olary halas etmekçi
bolmaýan bolsa, onda meni şunça wagtyň dowamynda olar üçin
doga etmäge meýillendirerdi diýip hasaplaýarsyňyzmy?“ — diýip
jogap berýär. Dogrudanam, şol adamlaryň ikisem Hudaýa iman
getirdi, olaryň biri Mýuller dünýäden ötenden soň iman getirdi3.
Doga edenimizde biz göni Hudaý bilen iş salyşýarys, beýleki
adamlar bilen bolsa, diňe ikinji derejede iş salyşýarys. Doga
etmäniň wezipesi — Hudaýa eşitdirmekdir. Doga adamlary diňe
Hudaýyň olara edýän täsiriniň kömegi bilen herekete getirýändir.
Adamlara doga etmekligiň özi däl-de, biziň doga edýän Hudaýymyz
täsirini ýetirýär.
3
Jorj Mýuller (1805–1898) Plimut doganlyk jemgyýetiniň ýolbaşçysydy. Ol öz
mätäçlikleriniň hemmesiniň öwezini Hudaýyň diňe bir doga etmäniň kömegi
bilen doldurjakdygyna iman edip, aýlyk berilmeginden ýüz öwürdi. Ol doga
etmäniň güýji bilen Bristolda iki müň ýetginjek üçin penahana açdy we on
ýedi ýyllyk bütindünýä turnesiniň dowamynda doga etmäniň wajyplygyny
wagyz etdi.
110
R uhy
ýolbaşçylyk
Doga etme, adamlara azatlyk berip,
Dünýäni herekete getirýän
Eliň el bilen herekete gelýändir.
(Аwtory näbelli)
Ýolbaşçy adamlara täsirini ýetirmek üçin Hudaý bilen Ony
tolgundyrar ýaly edip gepleşmegi başarmalydyr, sebäbi Hudaý
Özüniň adamlary özleriniň eden dogalaryna jogap hökmünde
herekete getirýändigini aýdyň görkezdi. Eger mekir Ýakup
Hudaýdan „adamlary ýeňmäge“ güýç alan bolsa, onda islendik
ýolbaşçy-da, eger Hudaýyň doga etme prinsiplerine eýerse, edil
şonuň ýaly güýji alyp biler (Gelip çykyş 32:28).
Adamlara täsirini ýetirip bilýän netijeli doga — bu Hudaý bilen
dogry aragatnaşykda bolmanyň netijesidir. Dogalaryň jogapsyz
galýandygynyň sebäplerini Mukaddes Kitap ýeterlik derejede
göni görkezýär. Şol sebäpleriň her biri-de, mesihiniň Hudaý bilen
aragatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Hudaý şahsy bähbidiňi
araýan ýa-da arassa bolmadyk isleglerden syzyp çykýan dogalara
jogap bermeýär. Eger mesihi günäsine berk ýapyşýan bolsa, onda
ol şeýle etmek bilen özüni Hudaýyň eşitmegine päsgel berýär.
Hudaý ynamsyzlyga çydam etmäge meýilli däldir. Bu günäleriň iň
esasysydyr, sebäbi „… Hudaýa ýakynlaşan Oňa ……iman etmelidir“
(Ýewreýler 11:6). Вiziň dogalarymyzyň hemmesinde Hudaýyň
şöhraty iň esasy maksat bolup çykyş edýär.
Mukaddes Kitabyň gürrüňini edýän beýik ýolbaşçylary doga
etmekde-de beýik bolupdyrlar. „Olar akylynyň ýitiligi, tükenmez
mümkinçiliklere eýe bolandyklary, dogabitdi zehinli bolandyklary
ýa-da gaty gowy terbiýelenendikleri üçin ýolbaşçy bolmadylar-da,
diňe doga etme arkaly özleriniň ygtyýarynda Hudaýyň güýjüniň
bolandygy sebäpli, ýolbaşçy boldular“4.
4
E. M. Bounds, Prayer and Praying Men (London: Hodder & Stough­ton, 1921).
Edward MakKendir Baunds (1835–1913), Amerikan Metodist Ýepisopial
ýygnagynyň gullukçysy, ABŞ-nyň günortasyndaky köp ýygnaklarda gulluk
etdi. ABŞ-daky raýatlyk urşy wagtynda, konfederatlaryň tarapynda kapitan
derejesinde gulluk etdi.
12 — NJI BAP
Ýolbaşçy we wagt
Şeýlelikde, akylsyzlar ýaly däl-de, akyldarlar ýaly,
ünsüňizi dykgatly gezmäge gönükdiriň. Pursatdan
peýdalanyň, çünki günler ýamandyr. Еfesliler 5:15–16
Ý
olbaşçynyň işiniň hili onuň wagtyny nähili ulanýandygyna
baglydyr. Ýaş adamyň häsiýeti, professional karýerasy onuň
boş wagtynda näme bilen meşgullanýandygyna baglydyr. Biz
işimize ýa-da okuwymyza gidýän wagta aňsat ygtyýar edip
bilmeýäris, ýöne munuň deregine ondan öň ýa-da soň näme bilen
meşgullanjakdygymyzy biz çözüp bilýäris. Işden, naharlanmadan
we ukudan soň galan wagty ulanyşymyz biziň ortaça ýa-da
meşhur adamlar boljakdygymyzy kesgitleýär. Boş wagt — bu
gaty gowy mümkinçilikdir, ýöne şol bir wagtyň özünde-de, ol
gizlin howp bolup durýandyr. Biziň durmuşymyzyň her bir pursady
— Hudaýdan gadyryny bilmek gerek bolan sowgatdyr, sebäbi,
aslyýetinde, wagtymyz gysgadyr, üstümize ýüklenilen iş bolsa,
aňyrsyna göz ýetmezekdir.
Paýhas bilen ulanylan minutlar we sagatlar durmuşda bolçulyk
bolup ýygnanýar. Mikelanjelonyň bir sargydy möhletinde ýetişdirjek
bolup, onuň üstünde özüni aýaman howlugyp işlän wagtynda,
kimdir biri oňa: „Munuň üçin janyňy gurban etmegiň mümkin“
— diýip duýduryş berýär. Şonda ol: „Onda jan näme üçin gerek?“
— diýip jogap berýär.
Sagatlar we günler, gürrüňsiz, geçer, ýöne biz olary peýdaly
hem maksada gönükdirip geçirip bileris. Filosof Uilýam Jeýms
öz ömrüňi adamdan soňky galjak zada sarp edeniň gowudygyny
aýdypdyr. Ömrüň gymmaty onuň dowamlylygyna bagly däl-de
112
R uhy
ýolbaşçylyk
eýsem, adamyň töwerekdäki dünýä goşan goşandyna baglydyr:
biziň uzak ýaşanymyz wajyp däl-de, näderejede doly bahasynda
we dogry ýaşaýandygymyz wajypdyr1.
Wagt gymmatlydyr, şeýle-de bolsa, biz ony ýeňilkellelik
bilen sarp edýäris. Dawut wagtyň gymmatdygyny gaty gowy
bilýärdi, şol sebäpdenem, wagtyň ýyllar bilen däl-de, günler bilen
hasaplanylmagy üçin doga etdi (Zebur 90:12). Еger biz günlere
ýeterlik derejede ünsli bolsak, onda ýyllar öz aladasyny özleri eder,
olaryň aladasyny etmek gerek däl.
Ýolbaşçydan: „Meniň wagtym ýok“ diýen sözleri köp eşidýäris.
Munuň ýaly sözleri jogapkärçilikden gaça durmak üçin çäkli we
juda bir başarjaň bolmadyk adam ulanýar. Öz durmuşymyzda
hemme zatda Hudaýyň islegini ýerine ýetirmäge her birimizde
ýeterlik wagt bardyr. J. G. Jouett şeýle diýipdir:
Meniň pikirimçe, biziň zamanamyzyň iň giň ýaýran
ikiýüzli sözleriniň biri-de, hemmelere belli bolan sözlerdir.
Şol sözleriň kömegi bilen biz mydama özümize wagtyň
ýetmezçilik edýänini beýan edýäris. Biz özümizde
wagtyň ýokdugyny şeýle ýygy — ýygydan aýdýarys
welin, şol sözleri gaýtalamanyň diňe özi-de, bizi munuň,
dogrudanam, şeýledigine ynanmaga mejbur edýär.
Hakykatdan örän işli bolan adamlar wagtyň ýetmezçiligini
hiç haçanam duýmaýarlar. Olaryň gündelik iş tertibi
şeýle jebis hem tertipli bolany üçin siziň kömek sorap
eden her bir haýyşyňyza öz bähbidini aramaýan hyzmaty
etmäge boş minut tapýarlar. Gullukçy hökmünde men
bir zady boýun almalydyryn, men özüme goşmaça kömek
gerek bolan wagtynda, hut işli adamlara hem, mydama
umyt bilen ýüzlenýärin.
1
Мikelanjelo (1475–1564)—italýan heýkeltaraşy, suratkeşi we şahyry. Onuň
iň meşhur işleriniň biri-de, „Dawut“ heýkelidir we Watikandaky Sikstin
kapellasynyň potologyna çeken suratydyr. Uilýam Jeýms (1842–1910)—
psiholog we Garwarddan bolan filosof. „Pragmatizm“ adyny alan akyl ýetirişiň
täze usulyny işläp düzmäni şonuň hyzmaty hasaplaýarlar.
Ýolbaşçy we wagt 113
Biziň betbagtçylygymyz özümizde wagtyň azlygynda däldir. Diňe
özümizde bar bolan wagty gaty gowy ulanmagy öwrenmegimiz
gerekdir. Biziň her birimizde beýlekileriň hemmesindäki ýaly wagt
bar. ABŞ-nyň prezidentinde edil biziňki ýaly gije — gündiziň
dowamynda ýigrimi dört sagat bar. Kimdir biri has ukyply, has
täsirini ýetirip biliji ýa-da baý bolup bilýär, ýöne hiç kimde-de,
beýlekilere garanda wagty köp däldir.
Her gula deň derejedäki mukdarda pul berlendigi baradaky
tymsaldaky ýaly (Luka 19:12–27), biziňem her birimize deň
derejeli mukdarda wagt berlendir. Ýöne biziň az sanlymyz on
esse girdeji alar ýaly, ony şeýle paýhasly ulanyp bilýäris. Tymsalda
ukyplaryň dürli bolýandygy aýdylýar: beýleki guldan az gazanan,
ýöne hojaýynyna edil şonuň ýaly wepalylygyna galan gul hem, edil
şonuňky ýaly sylagy alýar. Biz özümiziň sylaglarymyz we tebigy
zehinlerimiz üçin jogapkärçilik çekmeýäris, ýöne wagtymyzyň
maksada laýyk ulanylany üçin jogap berýäris.
Pawlus Efesdäki mesihileri pursatdan „peýdalanmaga“
çagyranda (Еfesliler 5:16), özi wagta gazanylan zat hökmünde
garapdyr. Biz durmuş bazarynda wagty degýän ýa-da degmeýän,
netijeli ýa-da netijesiz bolan belli bir güýmenjelere çalyşýarys. Şu
aýadyň başga bir terjimesinde bu jümle: „Gowy mümkinçilikleri
satyn alyň“ — diýilýär. Wagt bize köp mümkinçilikler berýär
ahyry. Öz durmuşyňy jikme — jik planlaşdyrma wajyplygy hut
şunda hem jemlenilendir: „Еger wagtymyzy tygşytly sarp etmegi
öwrenmek bize başartmasa, onda galan zatlaryň hemmesem bize
elýeter bolmaz“.
Ýitirilen wagty asla yzyna gaýtaryp bilmersiň. Wagty
ýygnap we ammarda saklap bolmaýar, ony diňe paýhas
bilen ulanyp bolýar. Gün sagatlarynyň birine aşaky sözler
oýulyp ýazylypdyr:
Siferblatda wagty bölýän
Kölege görünýär:
Onuň öňünde öňde duran wagt ýatyr,
Ol häzirlikçe bize görnenok;
Kölegäň aňyrsynda gaýtaryp bilmejek zadyň dur,
114
R uhy
ýolbaşçylyk
Geçen sagada baryp bilmersiň;
Biziň üçin diňe bir sagat açyk —
Olam, şu wagt üstünde kölege duran sagatdyr.
(Аwtor näbelli)
Ýolbaşçy bu tabyn bolmazak hakykatyň öňünde ilkinji derejeli
zatlaryny dogry goýuşdyrmagy başarmalydyr. Oňa haýsydyr bir
mümkinçilikleriň sapaklarynyň we borçlarynyň gymmatyny yhlas
bilen ölçermek zerurdyr. Has wajyp borçlar ünsi talap edýän
wagtynda, ýolbaşçy wajyplykda ikinji derejede durýan zatlara
wagtyny sarp etmäge ýol bermeli däldir. Öz günüňi ussatlyk bilen
planlaşdyrmak gerek. Köp zatda üstünlik gazanmak isleýän adam
saýlaw edip, artykmaç zady ret etmelidir, soň bolsa, iň wajyp
zatlara köpräk üns bermelidir.
Soňy bilen öz ýazgylaryňa ruhy taýdan ilkinji ýerde durýan
zatlaryň nukdaýnazaryndan garamak üçin bütin hepdäniň
dowamynda geçirilen her bir sagadyň grafikasyny düzmeklik we
ýazmaklyk köp ýagdaýlarda kömek edýär. Netijeleriň sizi gaty
haýran galdyrmagy mümkin. Ýazgylaryň mesihilik gullugy üçin
bizde özümize görneninden köpräk wagtyň bar ekendigini görkezen
wagtlary az bolmady.
Pikir edip görüň, biz uka gije — gündiziň dowamynda sekiz
sagady sahylyk bilen berýäris (uky üçin ondan köp wagt az
adama gerek bolýar), üç sagady naharlanmaga we adamlar bilen
gepleşmäge, on sagady işe we ýola sarp edýäris. Eger hepdäniň
dowamynda şeýle hereket etsek, onda nämedir bir zat bilen
doldurmaly bolan ýene otuz bäş sagadymyz galýar. Şol wagta näme
bolýar? Biz şol sagatlary nämä sarp edýäris? Adamyň Hudaýyň
Patyşalygyna goşýan tutuş goşandy şol wagtyň ulanylyşyna
bagly bolup biler. Şol boş sagatlaryň siziň durmuşyňyzyň
adatydygyny ýa däldigini ýa-da siziň tanymal adam boljak
bolmajakdygyňyzy kesgitlär.
Batyr missioner Meri Slessoryň kakasy arakhor bolupdyr.
Ol on bir ýaşynda Dandidäki fabrikde işläp, ertir sagat altydan
agşam sagat alta çenli wagtyny şol ýerde geçiripdir. Şeýle-de bolsa,
munuň ýaly güýçden gaçyrýan iş tertibi oňa özbaşdak bilim alma
Ýolbaşçy we wagt 115
bilen meşgullanmaga päsgel bermändir. Şeýdip alan bilimi ony
şondan beýläkki meşhur karýera bilen üpjün edipdir2.
Deýwid Liwingston on ýaşyndaka, Dumbartondaky pagta
egriji fabrikde günde on dört sagatlap işläpdir. Onda okamazlyga,
özünde galan azajyk boş wagty ulanmazlyga, elbetde, hemme
sebäpler bardy. Şeýle-de bolsa, ol latyn dilini öwrenip, Gorasiýi we
Wergiliýi on alty ýaşyndaka, asyl nusgasynda okap bilipdir. Ýigrimi
ýaşynda ol birbada iki programma — medisina we ylahyýet —
boýunça bilim aldy.
Bu gün durmuşda degerli bir zada ýetmek üçin wagtymyzyň
juda azlygyndan arz etmäge asla esas galmaz ýaly, şuňa meňzeş
mysallary gaty köp getirmek bolýar.
Rebbimiz wagty nädip dogry ulanmalydygynyň iň gowy
mysalyny görkezdi. Ol Öz durmuşynda, hemme ýerde Özünden
mydama bir zat talap edip, daşyny adamlaryň mähellesi gurşap
ýören bolsa-da, saldamly ädim ädip ýöredi. Kimdir biri Isanyň
ýanyna gelende, Ol Özüni edil şol wagtda Özüne ýüz tutan adamyň
mätäçliginden başga mätäçlik ýok ýaly alyp bardy.
Isanyň asudalygy we rahatlygy Onuň Öz durmuşynyň we
gullugynyň öňünde Atasynyň goýan maksadyna laýyklykda zähmet
çekýändigine ynamly bolandygy bilen düşündirilýär. Hudaýda bar
bolan plan Mesihiň durmuşynyň her bir sagadyny öz içine aldy
we mümkin bolan ýagdaýlaryň hemmesini öňünden gördi. Isa
doga etme arkaly Atasy bilen gepleşmeginiň kömegi bilen her
gün Atasyna näme diýmelidigini we näme etmelidigini bildi. „Men
size aýdýan sözlerimi Öz-Özümden aýtmaýaryn, Mende ýaşaýan
Ata Öz işlerini edýär“ (Ýahýa 14:10).
Isa hemme zatdan öňürti, Öz ygtyýarynda bolan sagatlaryň
dowamynda, Özüne tabşyrylan gullugy tamamlamaga dyrjaşdy.
Ol Öz ömründäki wagtyň Hudaýyň öňden bellän wezipesine
laýyklykda paýlanylandygyna gaty gowy düşünýärdi (Ýahýa 7:6;
2
Мeri Slessor (1848–1915) 1876-njy ýylda Günbatar Afrikadaky hiç bir kolonial
döwletiň astynda bolmadyk Kalabar etrabyna ugraýar. Onuň degişgenligi we
batyrlygy ol ýerdäki harby serdarlaryň ynamyny gazandyrdy, şonuň üçin ol
aýallaryň we çagalaryň bähbidi üçin köp zähmet çekdi.
116
R uhy
ýolbaşçylyk
12:23, 27; 13:1; 17:1). Hatda Özüniň gowy görýän ejesine-de, Ol:
„Meniň wagtym entek gelip ýetenok“ (Ýahýa 2:4) — diýdi. Marta
bilen Merýemiň maşgalasynda bolup geçen betbagtçylyga jogap
hökmünde Isa gün tertibini hatda iki günlügem üýtgetmekden
ýüz öwürdi (Ýahýa 11:1–6). Öz ömrüniň netijesini jemlände,
Ol Atasyna: „Maňa tabşyran işiňi berjaý etmek bilen, Seni Ýer
ýüzünde şöhratlandyrdym“ (Ýahýa 17:4). Isa Öz zähmetini gerek
bolmajak howlukmaçlykdan hiç zat ejir çekmez ýaly, wagtyň
ýetmezçiligi sebäpli, nämedir bir zat doly edilmän galmaz ýaly
edip tamamlady. Hudaýyň islegini doly ýerine ýetirmek üçin gije
— gündizdäki ýigrimi dört sagat Isa ýeterlik bolupdyr.
Isa şägirtlerinden: „Gündizde on iki sagat bar dälmi?“ (Ýahýa
11:9) — diýip sorady. Rebbimiziň bu sözlerinde J. Stýuart Holden
wagtyň çäklidigini görkezmäni görşi ýaly, onuň ýeterlikdigini hem
görüpdir. Bir gündizde, dogrudanam, bary — ýogy on iki sagat
bar, ýöne başga bir tarapdan, bir gündizde tutuş on iki sagat bar3.
Isa wagty ýadyndan çykarman, ony hakykatdan ähmiýeti
bolan zat bilen meşgullanyp geçiripdir. Ol aňrybaşy bilen wajyp
bolmadyk zada sarp edip, wagtyny biderek geçirmändir. Ahlak
häsiýetiň güýjüni ähmiýetsiz zatlardan ýüz öwürmek bilen
saklamak bolar.
Durmuşda boş zatlara orun ýok:
Reb durmuşda beýle gezmedi,
Her sagadymy we bar zadymy,
Mydama hemme zatda Oňa berjek.
(Аwtory näbelli)
Hoş Habarlarda Hudaýyň Oglunyň rahatlygyny ýekeje
gezek nähili hem bolsa bir ýol bilen bozandygyny görkezýän
ýekeje görkezmäniň hem ýoklugyny bellemek gyzykly zat bolsa
gerek. Işli adamy öz işindäki päsgelçiliklerden başga zat köp
gaharlandyrmaýar. Ýöne Isanyň gullugynda beýle zat görünmedi.
3
J. Stuart Holden, The Gospel of the Second Chance (London: Marshall
Brothers, 1912), 188.
Ýolbaşçy we wagt 117
„Garaşylmadyk zatlaryň“ hemmesini Ata Özüniň maksadynda
öňden gördi, şonuň üçin olar Isany aljyratmady. Hawa, käwagt
Onuň naharlanmaga wagty zordan ýetýärdi, ýöne Atasynyň bar
islegini ýerine ýetirmäge welin, wagty mydama ýeterlikdi.
Köplenç ruhy ýolbaşçynyň borçlaryndaky duýýan ýüki onuň
özüne Hudaýyň tabşyrmadyk başga işleri bilen hem meşgullanýandygy
sebäpli ýüze çykýar. Ýolbaşça artykmaç borçlary ýerine ýetirmek
üçin Hudaýyň goşmaça güýç bererine garaşmak gerek däldir.
Işli adamlaryň biri maňa öz durmuşyna edepsizlik bilen
goşulmalaryň meselesiniň hötdesinden gelendigini aýtdy: “Ýaňyýakyna çenli bu meni mydama gaharlandyrýardy. Bu meniň
tekepbirlik endigimdi“. Kimdir biri meniň ýanyma gelip: „Indiki
otla çenli bir — iki sagat wagtymy bir ýerde geçirmek gerek boldy,
şonuň üçin men seni görmegi makul bildim“ — diýip bilýärdi. Bu
meni juda gaharlandyrýardy. Soň Reb adamlary duşuşmak üçin
hut Özüniň ugradýandygyna düşünmekligi berdi. Hudaý Filipusy
Efiopiýaly agta bilen duşuşmak üçin iberdi. Hudaý Barnabasy
Saulyň ýanyna iberdi. Biziň günlerimizde-de, edil şonuň ýaly
bolýar. Hudaý adamlary biziň bilen duşuşmaga iberýär.
Indi kimdir biri ýanyma gelen badyna, men oňa: „Elbetde,
sizi meniň ýanyma Reb alyp gelendir. Geliň, Onuň näme üçin
beýle edendigini bilmek üçin bile doga edeliň“ diýen sözler
bilen ýüzlenýärin. Netijede iki zat bolup geçýär. Söhbetdeşlik
täze häsiýete we täze ähmiýete eýe bolýar, sebäbi oňa Hudaý
gatnaşýar. Adatça bu söhbetdeşligi ep — esli gysga edýär. Eger
gelen adam özüni Hudaýyň näme sebäp bilen goýbereniniň sebäbini
gözleýändigiňizi görse (beýle zat bolsa ýok), onda söhbetdeşlik
ýakymly, ýöne gysga bolýar.
Şonuň üçin men öz gün tertibime garaşylmadyk goşulmalary
Hudaýdan çykýar diýip hasaplaýaryn. Olar meniň gün tertibimiň
bir bölegi boldy, sebäbi Hudaý wagtyma Öz isleýşi ýaly erk
etmekde azatdyr“ — diýdi.
Resul Pawlus Hudaýda her kimiň durmuşy babatda belli bir
planyň bardygyny aýdýar. Biz „Hudaýyň öňden taýýarlan oňat
işlerinde gezer ýaly, Onuň Mesih Isada ýaradylan eseridiris“
(Еfesliler 2:10). Günde doga etmegiň kömegi bilen ýolbaşçy özi
118
R uhy
ýolbaşçylyk
üçin bu wezipäniň jikme — jikliklerini açýar we şoňa laýyklykda
öz işini planlaşdyrýar. Her ýarym sagat peýda getirýän zatdan
doly bolmalydyr.
Mesihiň hatyrasyna dünýä ep — esli täsirini ýetiren Jon Uesli
bilen F. B. Meýer özleriniň her bir gününi bäş minutlyk wagtlara
bölüp, her bir bäş minutlygy manyly ulanmaga çalşypdyrlar4. Şuňa
meňzeş düzgüniň kömegi bilen biziň her birimiz uly zatlara ýetip
bilerdik. Mysal üçin, ýöne ýere ýitiriläýjek wagtyň dowamynda,
örän köp zady okamak mümkin.
F. В. Meýeriň terjimehalyndan biz onuň wagty nähili tygşytly
ulanyp bilendigi hakda bilýäris:
Еger oňa otluda uzak wagtlap bir ýere gitmek gerek bolsa,
özüniň kupedäki burçjagazynda özbaşyna bir hat ýazylýan
stoljyga meňzeş edilip ýasalan keýsi açyp, töwereginde bolup
geçýän zatlara asla üns bermän, haýsydyr bir agras makalanyň
üstünde işläp başlapdyr. Uzaga çeken ýygnaklarda, hatda
gurultaýlarda-da, gürrüňi edilýän zatlar ondan peýdasyz
ünsi talap edýän bolsa, onda onuň şol keýsi bildirmän açyp,
hatlara jogap ýazmaga başlan gezeklerem az bolmandyr.
Öz wagtyna aňryýany bilen tygşytly garan ýene bir adam
U. Е. Sangster bolupdyr. Onuň ogly kakasy hakda şeýle ýazypdyr:
Ol wagtyny hiç haçan biderek ýere sarp etmeýärdi. Bir
we iki minudyň arasyndaky tapawut onuň üçin ýeterlik
derejede ähmiýetli bolýardy. Ol özüniň iş otagyndan çykyp:
„Oglum, sen hiç zat bilen meşgullanmaýarsyň. Mende göni
ýigrimi iki minudym bar. Ýör, gezelenç edeli. Bu wagtyň
4
W. Y. Fullerton, F. B. Meyer (London: Marshall, Morgan & Scott, n.d.), 70.
Frederik Borzerton Meýer (1847–1929)—baptist wagyzçysy. Onuň jelepçilige,
alkogolly önümlere we professional boksa garşy, şeýle hem, taşlanylan
çagalaryň we ýeke eneleriň peýdasyna bolan kampaniýalarynyň arkasyndan
onuň wagyzlaryny bütin dünýäde eşitdiler. Jon Uesli (1703–1791) metodistik
taglymaty esaslandyrmaga gatnaşan işçi hökmünde giňden tanalýar.
Ýolbaşçy we wagt 119
dowamynda biz kwartalyň daşyny aýlanmaga ýetişýäris“ —
diýip bilýärdi. Soň ol öýden şeýle bir tizlik bilen çykýardy
welin, men onuň yzyndan ýetmek üçin ylgamaly bolýardym.
Gezelenç wagtynda ol meniň bilen işleriň gidişi hakda (bäş
minut), biziň graflygymyzyň öňdäki çempionatda ýeňiş
gazanma bolan mümkinçilikleri hakda (iki minut), täzeden
dogulmanyň wajyplygy hakda (bäş minut), Loh — nes
aždarhasynyň hakykatdan hem barlygy ýa ýoklugy hakda
(iki minut), Uilýam Romeýniň takwalygy hakda (üç minut)
gürrüň edýärdi. Gürrüň gutarar wagtyna, biz eýýäm öýe
dolanyp gelýärdik5.
Özi üçin ýük bolmaz ýaly we ruhdan düşmä alyp barmaz
ýaly, ýolbaşçyda wagty ulanmakda üýtgemezek usulyň bolmagy
wajypdyr. Eger ýolbaşçy wagta gözegçilik etmegi başarmasa,
onda ol artykmaç dartgynlylykda işlemeli bolar. Ol hatda bir
günüň dowamynda mümkin boldugyça köp iş etjek bolup jan
çekse-de, ýene el degrilmedik işleriň tükeniksizi galýar. Kömek
etme çagyryşynyň hemmesi hökman Hudaýdan bolýan däldir,
sebäbi hemmelere hiç haçanam kömek edip bilmeýärsiň. Eger
ýolbaşçy öz gününi çyn ýürekden çykýan dogada planlaşdyryp,
soň hem, bellenilen plany doly janypkeşlik hem gaýrat bilen ýerine
ýetirse, bu ýeterlikdir. Ýolbaşçy diňe öz gözegçilik edip biljek zady
üçin jogapkärçilik çekýär. Galan zatlarda onuň bizi söýýän we
gudratygüýçli Gökdäki Atamyza bil baglamagy gerek.
Wagtyň duşmany bolan haýallyk şeýtanyň iň täsirli guraly
bolup durýandyr. Ol onuň bilen bizi aldap, ebedi mirasdan mahrum
etmäge çalyşýar. Ruhy ýolbaşçylykdaky „soňa goýmaklyk“ gaty
agyr netijä alyp baryp biler. Onuň güýji biziň wajyp karara gelmegi
tebigy taýdan islemezligimizden syzyp çykýandyr. Kararlara
gelmeklik we olara eýermeklik mydama adamdan ahlak tagallalary
talap edýär. Ýöne wagtyň geçmegi bilen karara gelmeklik
aňsatlaşmaýar, gaýtam, tersine bolýar. Kararlaryň köpüsine bir
geçenden soň gelmeklik has kyn bolýar, şonuň üçin siz şonuň
5
Paul E. Sangster, Doctor Sangster (London: Epworth, 1962), 314.
120
R uhy
ýolbaşçylyk
ýaly haýallygyň netijesinde artykmaçlyklardan mahrum bolup
bilersiňiz. Kyn işi soňa goýandan, şu ýerde we häzir etmek aňsat
bolýar.
„Muny häzir et“ — bu şygar ençe adamlary dünýewi işlerde
üstünlige alyp bardy, şonuň üçin ol ruhy meselede-de edil şunuň
ýaly ähmiýete eýedir. Hemme zady soňa goýma endigini ýeňmeklik
özüňiz üçin soňky möhleti bellemäge we olary gyşarnyksyz ýerine
ýetirmäge kömek edip biler.
Öz ömrüniň dowamynda örän köp okan bir adamdan: „Siz
okamaga wagty nireden tapýarsyňyz?“ — diýip soraýarlar. Ol
hem: „Munuň üçin men wagty niredendir bir ýerden almaly
bolmaýaryn — men diňe öz lezzetim üçin okamaga özüme ýeterlik
wagt berýärin“ — diýip jogap berýär6.
6
Sunday School Times, 22 November 1913, 713.
13 — NJI BAP
Ýolbaşçy we okamaklyk
Geleňde … kitaplary, ylaýta-da, gaýyş
kitaplary getir. 2 Тimoteos 4:13
Okamaklyk adamy bilýän adam edýär, söhbetdeşlik — ýol
tapyjy, ýazma endigi bolsa — takykçyl edýär. Frensis Bekon
R
esul Pawlus Timoteosa: „Okamak bilen meşgullan“ —
diýip maslahat berýär. Bu, gürrüňsiz, ýygnakda Köne Ähti
sesli okamalydygyna degişlidir. Ýöne bu maslahaty okamagyň
beýleki ulgamlarynyň hemmesinde-de gaty gowy ulanmak
bolýar. Resulyň Timoteosa getirmegini haýyş edip, hatda
ýazan kitaplary ýehudy taryhy boýunça işler, kanuny we
pygamberleriň düşündirişleri bolan bolsa gerek. Käbirleriniň
Pawlusyň öz wagyzlarynda hem çykyşlarynda getiren butparaz
şahyrlarynyň ýygyndylary bolan bolmagy mümkin. Ahyryna
çenli şägirt bolup galmak bilen Pawlus şol kitaplary okamaklyga
wagtyny sarp etmek isledi.
Özüniň türme tussaglygynda bolan wagtynda we 1536-njy
ýylda azar çekip ölmeginiň öň ýanynda, Uilýam Tindal gubernatora
hat ýollap, ondan özüne käbir zatlary goýbermegi haýyş edýär:
Örülen papagymy, şem, köne köwşi ýamar ýaly bir
bölek mata … Ýöne men Sizden haýyş edip, prokuroryň
maňa öz Mukaddes Kitabymy we ýewreý sözlügini
we bu ýerde bilim almak bilen meşgullanarym ýaly,
ýewreý grammatikasy boýunça sprawoçnigi almagyma
122
R uhy
ýolbaşçylyk
rugsat bermegini gazanmagyňyzy Siziň merhemetliňizden
ýalbaryp soraýaryn1.
Pawlus ýaly, Tindal hem, özleriniň ýerdäki durmuşynyň soňky
günlerini düýrme kitaplary okamaga bagyş edýärler. Ähli nesilleriň
ruhy ýolbaşçylary jan edip öwrenme we Mukaddes Ruh tarapyndan
nurlanma ýoly bilen Hudaýyň Sözüne çuň aralaşmaga ýürekden
dyrjaşma bilen tapawutlanýarlar. Ýöne bu bapda bizi ýolbaşçylaryň
goşmaça edebiýaty okamagy has gyzyklandyrýar.
Ruhy hem intellektual taýdan ösmek isleýän ýolbaşçy mydama
okar. Ýuristler kanundaky täze üýtgeşmeleri bilmek üçin olara
okamak zerurdyr. Saglygy goraýşyň üýtgewli dünýäsinde
kwalifikasiýany ýitirmezlik üçin lukmanlara okamak gerek.
Ruhy ýolbaşçy hem, Hudaýyň Sözüne, ondaky prinsiplere akyl
ýetirmelidir we özüniň ýolbaşçylyk etjek adamlaryna düşünmegi
öwrenmelidir. Munuň üçin ýolbaşça öz ömründe köp hem netijeli
okamak gerek.
Häzirki döwürde ruhy edebiýatyň klassikleriniň işlerini beýle
bir köp okamaýarlar. Biziň günlerimizde adamzat taryhynyň
şu wagta çenli bolan döwürleriniň hemmesindäkiden boş wagt
köp bolsa-da, ençe adamlar özlerinde kitap okamaga wagtyň
galmaýandygyny aýdýarlar. Ruhy ýolbaşçy bu meselede özüne
aklanma tapyp bilmez.
Jon Uesli okamagy gaty gowy görüpdir. Ol okamak bilen
aýratynam atyň üstünde barýarka meşgullanypdyr. Onda
eýeriň gaşynda ylmy, taryhy ýa-da medisina işleriniň tomlaryny
goýup, atyň üstünde ýöreme endigi bolupdyr. Ol şeýle
edip, bir müňden gowrak kitaby okady. Oksforddaky okuwy
wagtynda, Täze Ähtden başga-da, Uesliniň ýüregini ýene üç
sany beýik eser — Tomas Kempisiň „Mesihiň keşbi“, Jeremi
1
Uilýam Tindal (1494–1536) Germaniýada işlände, 1525-nji ýylda Täze
Ähti birinji gezek iňlis diline terjime etdi. 1535-nji ýylda tussag edildi, bir
ýyl geçenden soň bolsa, otda diriligine ýakyldy. Ol ölüminiň öň ýanynda
köneäht kitaplarynyň birnäçesini — Töwradyň, Ýunusyň kitabynyň —
terjimelerini tamamlady.
Ýolbaşçy we okamaklyk 123
Teýloryň „Mukaddes ýaşaýyş we ölüm“ we Uilýam Lounyň
„Aýgytly çagyryş“ eserleri — eýeledi. Bu üç kitap onuň üçin
ruhy ýolbelet boldy. Uesli ýaş metodist gullukçylaryny köpräk
okamalydygyna, şeýle etmedik ýagdaýynda özleriniň gullugyny
goýjakdyklaryna ynandyrdy.
Ýolbaşçylar az bolanda, gün içinde ýarym sagat kalbyňy
berkidýän we oýlanmak üçin iýmit berýän kitaplary okap, wagtyny
geçirme kararyna berk gelmelidirler. E. U. Tozer özüniň „Kitaplaryň
dogry we nädogry ulanylyşy“ temadaky kitaplar toplumynda ýiti
ünslülik bilen şeýle belleýär:
Näme üçin häzirki zaman mesihisi hakykatdan beýik
bolan kitaplary okamagy özi üçin ýetip bolmajak zat
hasaplaýarka? Biziň nesilden — nesle akyl taýdan pes
bolmaýandygymyz şübhesizdir. Bizem, edil öz atalarymyz
ýaly akylly, şonuň üçin olaryň aýdan islendik pikirine, eger
ýeterlik islegimiz bar bolsa, biz düşünip bilýäris. Häzirki
zaman mesihilik edebiýatynyň hiliniň pese düşmeginiň
esasy sebäbi akyl taýdan pese düşmekde däl-de, ruhy
taýdan pese düşmekde diýip hasaplamaly. Mesihi awtoryň
ajaýyp eserinden lezzet almak üçin belli bir derejede
Hudaýa bagyş edilmä we häzirki mesihileriň az sanlysyna
başardýan dünýäden el çekmä ýetmek gerek. Ýygnagyň irki
atalaryna, mistiklere we puritanlara düşünmek beýle bir
kynam däl, ýöne olar özleriniň pikirlerinde howasy arassa
we dury bolan, diňe Hudaýyň alyp barýan adamlarynyň
çykyp biljek dag depesinde ýaşamaýarlar… mesihilik
klassikasynyň beýik eserlerine adamlaryň düşünmäge
ukypsyz bolmagynyň sebäpleriniň biri-de, olarda ýazylan
zatlary ýerine ýetirmegi niýet edinmän, hemme zada
düşünmäge dyrjaşmaklaryndadyr2.
2
A. W. Tozer, „The Use and Abuse of Books,“ The Alliance Weekly, 22
February 1956, 2.
124
R uhy
ýolbaşçylyk
Okamak näme üçin gerek?
„Ruhlanma guýularyny doldurmak üçin okaň“ — diýip, toýdan
soňky gezelenjine bir çemodan kitap alyp gitmegi bilen belli bolan
Garold Okenga maslahat beripdir3.
Bekonyň okyjy üçin görkezmäni özünde saklaýan meşhur
sözleri: „Okanyňyzda, garşy çykmaga ýa-da inkär etmäge çalyşmaň,
ýöne hemme zady çyndyram öýtmäň. Tekstden gepleşik we pikir
ýöretmeleri gözleme-de, hemme zady ölçerip döküň we üns beriň.
Kitaplaryň käbirlerini barlamak gerek, beýlekilerini diňe ýuwutmak,
birnäçelerini bolsa, çeýnemek we siňdirmek gerek“4. Aslyýetinde,
eger biz öz kellämizi maglumatlardan doldurmak, özümiziň
başgalardan ýokarydygymyzy duýmak ýa-da bilimlidigimizi
görkezmek üçin okasak, onda okanymyz düýbünden peýdasyz bolar.
Ruhy ýolbaşçy özüniň ruhy gymmatlyklaryna esaslanyp, okamak
üçin kitap saýlamalydyr. Eserleri bize belentliklere tarap barýan
ýoly görkezip, biziň ýüreklerimizde we aňymyzda oýanma döredýän
awtorlaram bar: olar bizde gulluga bolan ymtylyşy ot berýärler-de,
bizi Hudaýyň ýanyna has golaý alyp barýarlar.
Mundan başga-da, ruhy ýolbaşçy özüne akyl taýdan ösmäge
mümkinçilik berýän kitaplarda ünsüni jemlemelidir. Muňa düşbüligi
synap görmäge kömek edýän, okyjyny täze ideýalar bilen üpjün
edýän, umumy kabul edilen ýol bererlikli zatlary sorag astyna
goýýan we kyn soraglary düşündirmäge çalyşýan kitaplar girýär.
Ýolbaşçy özüniň wagyz sungatyny we sowatly ýazma ukybyny
ösdürmek üçin okamalydyr. Bu meselede biziň sözlügimizi
baýlaşdyrýan we bize dilewarlyk sungatynda halypalyk edýän
ajaýyp ussat ýazyjylaryň eserleri bilen hiç zadam hiç hili deňeşip
bilmez. Tozer Jon Bunýany sadalygy üçin, Jozef Addisony
aýdyňlygy we inçeligi üçin, Jon Miltony asyllylygy we pikiriň
3
4
Harold J. Ockenga, Christianity Today, 4 March 1966, 36.
Francis Bacon, quoted in The Alliance Weekly, 14 March 1956, 2. Frensis Bekon
(1561–1626) — korolewa Ýelizaweta I we korol Ýakow I-iň köşgünde bolan
döwlet işgäri we alym. Onuň köp sanly işleri ylmy usula, syýasy teoriýalara we
taryhy ideýalara bagyş edilen. Bekon iňlis ýygnagynyň wepaly agzasy bolupdyr.
Ýolbaşçy we okamaklyk 125
dyngysyz beýikligi üçin, Çarlz Dikkensi düşnükliligi we prozasynyň
gujurlylygy üçin, Frensis Bekony şahsy mertebe duýgusy üçin
okamagy maslahat berýär.
Ýokarda görkezilen zatlaryň hemmesinden başga-da, ýolbaşçy
özi üçin täze maglumaty almak, döwür bilen aýakdaş gitmek,
özüniň professional ulgamynda ýeterlik derejede habarly bolup
durmak üçinem okamalydyr.
Ýolbaşça beýik akyllar bilen gürleşmek üçinem okamak gerekdir.
Kitaplaryň kömegi bilen biz dürli eýýamlaryň beýik ruhy ýolbaşçylary
bilen gatnaşykda bolma mümkinçiliginden peýdalanýarys.
Gowy kitap adama ullakan täsir ýetirmäge ukyplydyr. Benjamin
Dizraeli özüniň „Edebiýatyň gyzykly aýratynlyklary“ atly kitabynda
mysallaryň bir gidenini getirip, ýekeje bir kitabyň adama gudratly
täsir edenini ýazýar. Tanymal mesihileriň terjimehalyny okanymda,
men şol bir kitabyň gaýta — gaýta düýbünden dürli adamlaryň
durmuşyny öwrülişik pursatyna alyp baranyny, ondan soň, gullukda
işjeň üýtgeşmeleriň başlananyny gördüm. Bu Çarlz Finniniň „Diniň
täzeden dikelmegi boýunça leksiýalar“ diýen kitabydy5.
Näme okamaly
Еger adamy dostundan tanamak bolýan bolsa, onda onuň häsiýeti
özüniň okaýan kitaplarynda şöhlelenýändir. Ýolbaşçynyň okaýan
zady onuň içki ymtylyşlarynyň we talaplarynyň daşky ýüze çykmasy
bolup durýandyr. Bu gün akla sygmajak tizlik bilen çap edilýän
neşirleriň ummasyz mukdary saýlama ukybyny wajyp edýär. Biz
özümize diňe iň gowularyny, diňe maksadymyzy ýerine ýetirmäge
kömek edýänlerini okap bileris. Kitaby saýlamaklyk özümiziň
kimdigimize we bize näme etmegiň zerurdygyna bagly bolmalydyr.
5
Çarlz Finni (1792–1875) ýuridiki bilim aldy, ýöne imana gelenden soň, 1821nji ýylda ýygnak gullugy bilen meşgullandy. Onuň işi ýurduň demirgazyk
— günortasynda täzeden döreýşe getirdi. Ol, şeýle hem, köp ýygnaklaryň
ruhy çopany boldy, kitaplar ýazdy, gulçulyga we arakhorluga garşy çykyş
etdi, 1851–1866-njy ýyllarda Oberling kollejiniň prezidenti wezipesini eýeledi.
Onuň şu kitabyň awtorynyň salgylanýan kitaby1835-nji ýylda çap edildi.
126
R uhy
ýolbaşçylyk
Kladius Klier lakamy bilen işlän bir awtor okyjynyň öz tanyş
adamlaryny tapawutlandyryp bilýändikleri sebäpli, onuň öz kitabyny
çäklendirmäge hakynyň bardygyny aýdýar. Birnäçeleri biziň
„söýülýänjelerimize“ öwrülýärler, şonuň üçin şol azajyk kitaplary,
eger sürgüne gitmeli bolsa, ýanyň bilen alyp gideniňe degýändir.
Beýlekileri „dostlarymyz“ bolup çykýarlar, ýöne kitaplaryň aglabasy
„tanyşlarymyzdyr“, olar bilen biz diňe çala tanyş bolýarys.
Мetýu Arnold özüňi diňe bäş ýüz tom kitap bilen çäklendirip,
edebiýatdaky iň gowy zatlary ýygnamak bolar diýip hasaplaýar.
Deniel Uebster tutuş kitaphanany ýüzleý okap çykandan, birnäçe
kitaby gowuja öwrenmegi ileri tutýar. Ol adam kalby, onuň
ymtylyşlary we şowsuzlyklary, umytlary we ruhdan düşmeleri
hakda hakyky maglumaty almak üçin şol gowy öwrenilen kitaplara
ýüzlenýär. Okamakdaky düşnüksizlik hiç kime-de, gowy gulluk
eden däldir. Iňlis filosofy Hobbs bir gezek: „Eger men beýlekileriň
okan kitaplary ýaly köp kitap okan bolsam, onda menem, şolar
ýaly az bilerdim“ — diýipdir.
Samýuel Brengl özüniň poeziýa bolan garaýşyny şeýle
beýan edýär:
Мaňa döredijiligi ahlak häsiýetiň beýikligini açýan we güýçli
duýgulary berýän şahyrlaryň ýazan eserleri ýaraýar. Olaryň
arasynda Tennisonyň şygyrlary we Brauningiň birnäçe
goşgulary bar. Beýlekileriň eserlerinde ýagtylyk bar, ýöne
men ýöne bir ýagtylyga garanda, oduň ýalnyny gowy görýärin.
Şekspir? Onuň akly edil günüň şöhlesi ýaly arassa, ýöne onda
duýgulylyk düýbünden ýok, bu ýylatmaýan ýagtylykdyr.
Şelli? Kits? Olar käbir manyda ajaýyp şahyrlardylar, ýöne
olaryň goşgulary meniň kalbyma täsir etmeýär. Owadan,
ýöne olar boş sözler. Mukaddesligiň gözelligi bilen gözelligiň
mukaddesliginiň arasynda tükeniksiz tapawut bardyr.
Birinjisi iň beýik, ýokary, Hudaýyňka meňzeş häsiýete alyp
barýar; ikinjisi köplenç juda ýygy — ýygydan duýgularyň
şowhunlylygyna alyp barýar6.
6
C. W. Hall, Samuel Logan Brengle (New York: Salvation Army, 1933), 269.
Ýolbaşçy we okamaklyk 127
Köp ýyllaryň dowamynda „British Weekly“ atly britan
hepdelik neşiriniň direktory bolan jenap Robertson Nikoll
okamak üçin iň gyzykly bolan žanr terjimehally makalalar diýip
hasaplapdyr, sebäbi terjimehal adamyň şahsyýetini görkezýär.
Beýik hem bagyş edilen erkekleriň we aýallaryň durmuşy hakda
okamak öz ýüregiňi Hudaýa tarap ymtylmaga ruhlandyrmagy
aňladýar. Uilýam Keriniň, Adoniram Jadsonyň, Hadson Teýloryň,
Çarlz Staddyň ýa-da Albert Simpsonyň terjimehallarynyň
missionerçilik hereketine nähili täsirini ýetirenini göz öňüne
bir getirip görüň7.
Özüniň wagyzlary we mugallymçylyk işi bilen giňden tanalan
Jozef Kemp mydama ýanynda gyzykly terjimehallaryň birini
göterip ýörüpdir. Rensom Kuper şeýle ýazypdyr:
Gowy terjimehallary okamaklyk mesihilik biliminiň ep —
esli bölegini düzýär. Olarda öz gullugyňda ulanmak mümkin
bolan sansyz — sajaksyz mysallary tapmak bolýar. Olary
okanda, mesihi häsiýetiň hakyky gymmatyny kesgitlemegi,
öz şahsy durmuşynyň maksadyny görmegi, şol maksada
ýetmäniň iň gowy serişdelerini saýlamagy, biabraýçylykly
ymtylyşlary jylawlamak üçin özüňi ret etmäniň näderejede
wajypdygyny öwrenýär we häli — şindi Hudaýyň bagyş
edilen adamyň durmuşyna girip, Öz maksatlaryny amala
aşyryşyny görýär.
Okamasy aňsat bolan kitaplar ýolbaşçyny kanagatlandyrmaly
däldir, ýöne ol özüniň hünäri boýunça az bolan kitaplary okamak
bilenem çäklenmeli däldir. Mýuriel Ormrod şeýle maslahat berýär:
Mydama öz mümkinçiliklerimizden birazrak ýokary bolan
zatlary ýerine ýetirmegi ýüregiňe düweniň gowudyr.
7
Çarlz Tomas Stadd (1862–1931) ep — esli mukdardaky baýlygy miras alýar,
ýöne ony paýlap, 1885 –nji ýylda Hytaýa missioner bolup gidýär. Ol, şeýle
hem, Hindistanda we Afrikada zähmet çekýär, Meýletin Talyplar Hereketine
kömek edýär.
128
R uhy
ýolbaşçylyk
Bize özümiziň endik eden zadymyzdan tapawutlanýan
bir zady okamaga mydama dyrjaşyp durmak gerekdir:
biz diňe bir özümiziň ylalaşýan awtorlarymyzyň işlerini
däl-de, jedelleşmäge-de taýýar bolan awtorlarymyzyňam
işlerini okamalydyrys. Soňkulardan olaryň özümiz bilen
ylalaşmaýandygy sebäpli, düýbünden ýüz öwürmek gerek
däl, olaryň nukdaýnazarlarynyň bizi hakykaty has gowy
öwrenmäge we olaryň garaýyşlaryny Ýazgy bilen synamaga
bizi höweslendirmegi mümkin. Kitaplaryny okajak bolup,
özümizi azara goýman, diňe atlaryny eşidip tanaýan
awtorlarymyza teswirleme bermek ýa-da ylalaşyksyz
seslenmek gerek däldir… täze ideýalardan gorkmaň, ýöne
olar bilen aşa gyzyklanmaňam8.
Ýolbaşçy özüni has netijeli gulluk we Hudaýyň Patyşalygyndaky
ýolbaşçylyk üçin zerur bolan bilimler bilen üpjün edýän kitaplary
köp okamalydyr.
Ýarymbilijilik özünde ýalany gizleýändir;
Piýeridiň akymyndan ganyp iç:
Bir owurt akylyňy serhoş eder,
Köp içseň — ýene açyk kelle bilen.*
Аleksandr Poup
*Piýeridler — Gadymy Gresiýadaky muzalaryň biriniň ady.
Düzgün bolşy ýaly, piýeridleriň çeşmesini „ruhlandyrma çeşmesi“
diýip atlandyrypdyrlar. — Terjimeçiniň belligi.
Nädip okamaly
Biz okamak bilen öwrenýäris. Okan zatlarymyzyň üstünde
oýlananymyzda, biz kitaplar agajyndan miwe ýolup alýarys-da, öz
akylymyzy we gullugymyzy doýurýarys. Eger okanymyzda çynlakaý
oýlanmany äsgermezçilik etsek, wagtymyzy biderek ýitireris.
8
Muriel Ormrod, The Reaper, August 1965, 229.
Ýolbaşçy we okamaklyk 129
Iňlis şahyry Sauti kwakerlerden bolan bir aýala her gününi doly
ýüklendirip, özüniň portugal diliniň grammatikasyny ýuwunýan
wagtynda öwrenişini, fransuz edebiýatyny geýinýärkä öwrenişini,
ylma ertirlik naharynyň başynda akyl ýetirişini we ş.m. gürrüň
berende, aýal ýuwaşjadan: „Pikirlenmek size nädip başartdy?“
— diýip gyzyklandy. Biz oýlanman okap bileris, ýöne munuň
ýaly okaýyş bize düýbünden peýda getirmeýär. Çarlz Sperjen öz
okuwçylaryna aşaky ýaly nesihat berdi:
Özüňizde bar bolan kitaplary gowuja öwreniň. Olary jikme
— jik okaň. Olar sizi özüne siňdirýänçäler, olarda galyň.
Olary okaň we gaýtalap okaň, çeýnäň we olaryň manysyny
siňdiriň. Goý, olar siziň özüňiziň bir bölegiňiz bolsun. Gowy
kitaby birnäçe gezek ünsli okaň, onda aýdylan zatlary ýazgy
edip belläň we seljeriň. Tizara siz bir sany ürç edilip okalan
kitabyň, ýigrimi sany ýüzleý okalan kitaba garanda, öz
akylyňyza uly täsir ýetirenini görersiňiz. Howlukmaçlyk bilen
okamak köp zady öwretmäge ukyply bolýan däldir, munuň
deregine adama ummasyz tekepbirlik berýär. Birnäçeleri
köp sanly kitaplary okamanyň peýdasyna oýlanmalardan
ýüz öwrüp, pikirlenmegi düýbünden ýatdan çykardylar. Goý,
okan wagtyňyzda: „Mukdar däl-de hil!“ diýen sözler siziň
şygaryňyz bolsun.9
Okaýşyňyzyň has degerli we netijeli bolmagyna kömek etmek
üçin aşaky düzgünlere eýeriň:
• Tizara unutmakçy bolýan zadyňyzy okamaga juda
köp wagt sarp etmäň. Okan zadyňyzy unutma
endiginiň beýleki wajyp zatlary-da, unutma endigini
döretmegi mümkin.
• Kitap saýlanyňyzda,
düzgünlere eýeriň.
9
dost
saýlanyňyzdaky
ýaly
Helmut Thielecke, Encounter with Spurgeon (Philadelphia: Fortress, 1963), 197.
130
R uhy
ýolbaşçylyk
• Okan wagtyňyzda mydama ýanyňyzda bloknot bilen
galam saklaň. Eger ýatkeşligiňiz adatdan daşary däl
bolsa, onda bir günüň dowamynda okamakdan alan
zadyňyzyň az bölegini unutmarsyňyz. Özüňiziň ýazgylar
sistemaňyzy işläp düzüň. Bu siziň ýadyňyzyň ajaýyp
goldawçysy bolar.
• Özüňizi haýran galdyran, göwnüňize gyzykly ýaly bolup
görnen we boş wagtyňyzda pikirlenmek isleýän zadyňyzy
ýazmak üçin umumy depder tutuň. Şeýle etmek bilen
siz geljekde ulanmak üçin materiallaryň bahasyna ýetip
bolmajak hazynasyny ýygnap başlaýarsyňyz.
• Taryhy, ylmy we beýleki maglumatlary anyklaň.
• Manysyna düşünýänçäňiz, ýekeje sözi-de ünsden düşürmäň.
• Akylyňyz birboluşlylykdan ýadamaz ýaly, okaýan
zadyňyzy dürli-dürli ediň. Dürlülik bedene bolşy ýaly,
akyl üçinem diýseň peýdalydyr.
• Taryhy kitaplary şol döwrüň poeziýasy bilen okap bolýan,
terjimehallary taryhy romanlar bilen bilelikde okap
bolýan kitaplary saýlamaga çalşyň. Mysal üçin ABŞ-daky
raýatlyk urşunyň taryhyny öwreneniňizde, Linkolnyň
ýa-da Grantyň terjimehalyny, şeýle hem, Uitmanyň
poeziýasyny alyň.
Каnonik Ýeýts her bir gowy kitabyň üç gezek okalmaga
mynasypdygyny aýdypdyr. Siziň aňyňyz kitaba tutuşlygyna
düşünip, onuň manysy bilen siziň eýýäm bilýän zadyňyzyň
arasyndaky baglanyşygy bilmegi üçin birinji gezek dynman, kitaby
soňuna çenli okamaly. Şol bir kitaby ikinji gezek okanyňyzda,
ünsli boluň we howlukmaň. Bellikler ediň we oýlanyň. Soň,
birneme wagt geçenden soň, kitaby edil birinji gezekdäki ýaly
edip, üçünji gezek okamak gerek. Daşky sahabyň içki tarapynda
Ýolbaşçy we okamaklyk 131
mazmuna gysgajyk seljerme ýazyň. Şeýdip, kitap siziň
ýadyňyzda çuň yz galdyrar.
Şotlandiýanyň Lýumsden şäherinde ýaşan ýygnak
gullukçylarynyň biri öýünde on ýedi müň tom ýygnap, olara uly lezzet
bilen seredipdir, emma onuň ogly: „Kakam wagyzlara örän köp wagt
we güýç sarp eden bolsa-da, olar bilen öz okan zatlarynyň arasyndaky
baglanyşygy anyklamak oňa başartmady“ — diýip belleýär10.
Bu wagyzçynyň ýalňyşlygyndan gaça durmaga çalşyň.
Kitap — bu pikirleriň akymyny bir akyldan beýleki bir akyla
akýan akabasydyr. Lýumsdenli wagyzçy, belki, özüniň şahsy
ruhy ösüşi üçin zerur bolan zatlaryň hemmesini alandyr, ýöne
ýygnagyna gelýänleriň onuň okan kitaplarynyň täsirini hiç haçan
duýmandyklary göze görnüp dur. Başgalar peýda, kanagatlanma
ruhlanma alar ýaly, ýolbaşçylar mydama özleriniň okaýan zatlary
bilen aýdýan ýa-da ýazýan zatlarynyň arasyndaky baglanyşygy
bilmäge çalyşmalydyrlar.
Kitaplara bolan adatdan daşary söýgüsi bilen tapawutlanan bir
awstraliýaly fermer awtora tanyşdy. Öz gullugynyň ilkibaşyndan ol
agzalary okuwly we ylahy taýdan bilimli bolan ýygnagy esaslandyrma
kararyna geldi. Ol ýygnagyna gelýänlere okamaklyga söýgi bilen
aralaşmaga kömek etdi we olara gitdigiçe çuň we ähmiýetli ruhy
eserleri beripdir. Munuň netijesinde şol fermeriň zähmet çekýän
etrabyndaky fermerleriň köpüsinde ýeterlik derejede baý we esasly
imanlylygy bilen tapawutlanýan kitaphanasy bolupdyr.
Gullukçylara hut şu ugurda hereket etmäge çalşyp, ýygnak
agzalaryny kem — kemden has çynlakaý okamaklyga we has berk,
has bagyş edilen we çuň imana alyp barmak gerekdir.
10
The Sunday School Times, 22 November 1913, 715.
14 — NJI BAP
Ýolbaşçylyk endiklerini
ösdürmek
… baştutanlyk edýän gaýrat bilen, rehimdarlyk edýän
begenç bilen etsin.
Rimliler 12:8
H
er bir mesihi öz durmuşyndaky Hudaýa edýän gullugynda
mümkin boldugyça köpräk zada ýetmäge borçludyr. Beýleki işleriň
hemmesinde bolşy ýaly, özümiziň ýolbaşçylyk ukybymyzy nähilidir
bir usul bilen gowulaşdyrmak üçin bize bu işde bar gaýratymyzy
sarp etmek gerekdir. Şeýle etmek bilen biz, hatda bu barada pikir
hem etmeýän bolsak-da, özümize tarap islendik pursatda öwrülip
biläýjek has uly gulluga taýýarlanarys.
Ýygnak ýolbaşçylarynyň iň gowularynyň biri bolmaklyga
mesihileriň hemmesi çagyrylan däldir, ýöne biziň başgalara
täsirimizi ýetirip bilýändigimiz sebäpli, her bir mesihi özbaşyna
ýolbaşçy bolup biler. Biziň her birimiz özümiziň adamlara täsirimizi
ýetirme potensialymyzy ösdürmäge dyrjaşmalydyrys.
Öz ejizlikleriňizi ýüze çykarmaklyk, endikleriňizi üýtgetmeklik
we şahsyýetiň güýçli taraplaryny ösdürmeklik siziň ýolbaşçy
hökmündäki ukyplaryňyzy kämilleşdirmäge tarap äden ilkinji
ädimiňiz bolup biler. Ýygnaga ýolbaşçylyk etmäniň gowy görnüşde
bolmaýandygyna düşündirişler köpdür, şonuň üçin aşakda
sanalyp geçilen ýagdaýlaryň käbirleriniň siz babatda ulanarlykly
bolmagy mümkin:
• Вelki, sizde özüňizi imanda berkidip, hereket etmeklige
ruhlandyryp biläýjek we öz durmuşyňyzda meşgullanýan
zatlaryň hemmesini bir zatda birikdirip biläýjek öňde
goýlan maksat ýokdur.
Ýolbaşçylyk endiklerini ösdürmek 133
• Вelki, siziň imanyňyz juda sadadyr, şol sebäpdenem,
siz Gökdäki Patyşalygyň hatyrasyna töwekgelçilik etme
kararyna gelýän dälsiňiz.
• Siz Mesihden alan gutulyşyňyzdan syzyp çykýan
gaýratyňyzy görkezýärsiňizmi ýa-da özüňizi alyp barşyňyz
öz imanyňyzyň gowşaklygyny görkezýärmi? Diňe janypkeş
ýolbaşçylar janypkeş imanlylary tapmaga ukyplydyr.
• Belki, siz kyn ýumuşlary höwessiz ýerine ýetirýänsiňiz
we munuň üçin özüňizde batyrlyk tapýan dälsiňiz. Ýa-da
siz kyn meseleler öz — özünden çözülýänçä, garaşmaga
çalyşýarsyňyz. Orta gürpdäki ýolbaşçy jogapkärçilikli
çözgütleri, gürrüňleri we hatlary soňa goýýar. Haýalýagallyk hiç zadam çözmeýär-de, adatça, ýagdaýy
diňe ýaramazlaşdyrýar.
• Вelki, giň gurşap alşyň hatyrasyna çuňlugy pida
edensiňiz, munuň netijesinde-de, gaýratyňyz köp zada
sowrulandyr, ýöne diňe ýüzleý netijelere ýetensiňiz.
Gaýrat bilen ýolbaşçylyk ediň.
Rimlilere hatyň 12-nji babynyň 1-nji aýadynda ýolbaşçylara
ýüzlenme bar: „… özüňizi diri, mukaddes, Hudaýyň halajak gurbany
hökmünde hödürläň diýip…“. „Hödürlemek“ diýlip terjime edilen
grek işligi bir gezekde tamamlanan hereketi aňladýan formada
dur. Onuň yzynda häzirki zamany, hereketiň mydamalygyny,
dowamlylygyny aňladýan otuz alty sany işlik gelýär. Şol işlikler
buýruga tabyn bolanymyzda we tenimizi Hudaýa gurbanlyk
hökmünde hödürlänimizde näme bolýandygyny suratlandyrýar.
Häzir sanalyp geçilen iki netije biziň üçin aýratyn gyzyklandyryjy
zat bolup durýar.
Вirinjiden, „gaýrat bilen baştutanlyk ediň“ (Rimliler
12:8). Barklaý bu jümläni şeýle düşündirýär: „Eger siz
adamlara ýolbaşçylyk etmeklige çagyrylan bolsaňyz, muny
134
R uhy
ýolbaşçylyk
bar gaýratyňyz hem gujuryňyz bilen ediň“. Bu ýaltalyga
hiç hili mümkinçilik galdyrman, ýolbaşçylyga ýüregiň bilen
berilmeklige, bu işde Hudaýa işjeň gulluk etmeklige çagyryşdyr.
Biz şeýle edýärismi?
Siziň ýolbaşçylyk ediş stiliňiz Isanyň ýolbaşçy hökmündäki
tapawutlanan gaýratyndan tapawutlanýarmy? Şägirtler özleriniň
Halypasynyň Öz Atasynyň Ybadathanasynyň haramlanmasyna
takwa gahar bilen gaharlananyny görenlerinde, olaryň ýadyna
Ýazgynyň: „Seniň öýüňe bolan yhlasym Meni iýer“ (Ýahýa
2:17) diýen sözleri düşdi. Isanyň yhlasy şeýle beýikdi welin,
Onuň dostlary Isa akylyndan azaşandyr öýtdüler (Мarkus 3:21),
duşmanlary bolsa, Ony jynly bolmakda aýypladylar (Ýahýa 7:20).
Şuňa meňzeş yhlas resul Pawlusy bütin ömrüniň dowamynda
tapawutlandyrdy. Adolf Deýssmanyň ýazyşy ýaly: „Şama barýan
ýolda Saulyň üstüne gökden inen ýagtylyk ýygnagy yzarlaýjy ýaş
ýigidiň kalbynda tiz ot alýan serişdeleriň sansyz — sajaksyzyny
gördi. Şonda Pawlusyň kalbynda lowlan, şöhle saçan ýagtylygyň
resulyndan aýrylmandygyny we öz ýagtylygyny hatda resul
garrandan soňam ýitirmändigini biz soňrak görýäris. Biz ösenimizde
şunuň ýaly dyngysyz yhlasa dyrjaşmalydyrys. Ulaldygymyzça
ýalnyň köze öwrülmegi ahmal, şonuň üçin oduň aşagynda täze
ýangyjy guýup durmagy ýatdan çykarmaň.
Pawlus iman getirmezinden öň eýýäm yhlasly gullukçydy,
bu hem, ony irki mesihileri gazaply yzarlamalara alyp barýar.
Onuň yzarlamalary şeýle bir gazaplydy welin, hatda muňa özi-de,
soňy bilen az gynanmady. Şol bir, ýöne eýýäm Mukaddes Ruh
tarapyndan arassalanan yhlas onuň Mesihdäki täze durmuşyny
tapawutlandyrýar. Munuň kömegi bilen Pawlus birwagtlar ýok
etmek islän ýygnagynyň hatyrasyna haýran galdyryjy işleri etdi.
Pawlusyň mydama Mukaddes Ruhdan dolup durandygynyň
kömegi bilen onuň akyly hemişe Hudaýyň hakykatyny lowlatdy
durdy, onuň ýüregi bolsa, Hudaýyň söýgüsi bilen öwşün atdy.
Onuň ýüreginiň merkezinde Hudaýy şöhratlandyrma islegi ýerleşdi.
Pawlusyň yzyna adamlaryň eýerendigi geň zat däldir. Ol ýolbaşçylyk
etmek üçin tagalla baryny etdi. Ol muny bar güýji hem gaýraty
bilen etdi. Ol öz gaýratyny ýanyndakylara-da ýokuşdyrdy.
Ýolbaşçylyk endiklerini ösdürmek 135
Gaýnama nokady
Bizde gyzyklandyrma döredýän häzirki zamandaky işlik Rimlilere
hatyň 12-nji babynyň 11-nji aýadyndadyr: „Gaýratyňyz gowşamasyn.
Ruhda hyjuwly boluň. Rebbe hyzmat ediň“. Harrinton bu aýady
şeýle terjime edýär: „Işde ýalta bolmaň. Goý, Mukaddes Ruh size
gaýnama temperaturasyndan pese düşmäge rugsat bermesin,
özüňiziň Rebbe etmeli gullugyňyzy ediň“.
Вu aýatda yhlas bilen edilýän dowamly gulluga tarap ýol
görkezilýär: „Mukaddes Ruh size gaýnama temperaturasyndan pese
düşmäge rugsat bermesin“. Aýratyn wakalar bilen baglanyşyklykda
ýolbaşçylaryň hemmesi-de diýen ýaly, özboluşly „gaýnama nokadyna“
baryp ýetýärler. Olaryň köpüsine Hudaýa aýratyn ýakynlyk we
gullukdaky adaty bolmadyk netijelilik bilen häsiýetlendirilýän
ýalynlap duran ýürek duýgulary bilen bilelikdäki adatdan daşary
ruhy galkynyş döwri tanyşdyr. Kynçylyk bu wagty uzaltmakda,
„gaýnama nokadynda“ galmakda jemlenýär. 11-nji aýatda biz
„ruhda hyjuwly“ bolup ýaşamanyň özüne çekiji mümkinçiligi hakda
bilýäris. Eger Mukaddes Ruh biziň durmuşymyzyň „peji bolsa“,
onda gullugymyz gaýnamagyny goýmaz.
Jon Benýanyň „Piligrimiň syýahaty“ kitabynyň baş gahrymany
bolan mesihi Teswirleýjiniňkide myhmançylykda bolanda, özi üçin
bu syry açdy. Oduň üstüne yzyny üzmän suw guýsalar-da, onuň
näme üçin güýçlenýändigi kellä gelmejek zat ýaly bolup göründi.
Soň ol şol bir pursadyň özünde başga bir adamyň bildirmän oda
ýag guýup duranyny görýär1.
Isa Özüniň doga etmek baradaky beýik wagzynda, eger sorasak,
onda Mukaddes Ruhuň beriljekdigine söz berýär: „Şeýlelikde, erbet
bolan siz öz oglanlaryňyza oňat sylaglar bermegi bilýän bolsaňyz,
Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy
berer!“ (Luka 11:13). Gutulyş işinde Mesihe ynananymyzda,
bu wada biziň durmuşymyzda ýerine ýetýär, sebäbi resul
1
Jon Benýanyň, ýagny awtoryň salgylanan „Piligrimiň syýahaty“ atly kitaby
1678-nji ýylda çap edildi. Häzir ol köp dillere terjime edildi. Jon Benýan
(1628–1688) altmyşdan-da köp eser ýazdy.
136
R uhy
ýolbaşçylyk
Pawlus: „Kimde Mesihiň Ruhy ýok bolsa, ol Onuňky däldir“
(Rimliler 8:9b) — diýýär.
Ýolbaşçylyk ukybyny nädip ösdürmeli
Hytaýyň Içki Missiýasyny esaslandyran Hadson Teýlor diýseň
ýönekeý adam bolupdyr, ýöne ýitiligi bilen tapawutlanypdyr. Onda
ýönekeý hem sada ýaly bolup görünýän aňrybaş wajyp meseleler
hakda gürleme sylagy bolupdyr. Ol 1879-njy ýyldaky missiýanyň
kätibine ýazan hatynda şeýle diýýär:
Etmesi gerek bolan wajyp zatlar şulardyr:
1. Zähmetiň hilini gowulandyrmaly;
2. Takwalygy, bagyş edilmäni we işçileriň üstünlikli
gullugyny ösdürmeli;
3. Mümkin bolan ýerleriň hemmesinde büdreme
daşlaryndan saplanmaly;
4. Tigirleriň jygyldaýan ýerine ýag çalmaly;
5. Döwülýän zatlaryň hemmesini bejermeli;
6. Mümkin boldugyça zerur bolan zatlaryň hemmesi
bilen üpjün etmeli.
Mekirlikden daşda bolan munuň ýaly maslahatlar olaryň
awtorynyň ýolbaşçynyň jogapkärçiligine näderejede çuň
düşünýändigini görkezýär. Bu alty düzgüni ünsli öwrenenimizde,
biz ýolbaşçynyň ünsüni talap edýän alty ulgamy görýäris:
Dolandyryş — zähmetiň hilini gowulandyrmak. Ýolbaşçy
nämedir bir zadyň nirede ýeterlik derejede netijeli işlemeýändigini
bilmelidir we kemçiligi düzetmelidir. Munuň üçin işçileriň
borçlarynyň görnüşlerini üýtgetmegiň, edilen iş hakdaky hasabatyň
berişini kämilleşdirmek ýa-da personal bilen arabaglanyşygy başga
usullar bilen gowulaşdyrmagyň gerek bolmagam mümkin.
Ruhulyk — takwalygy, bagyş edilmäni we işçileriň üstünlikli
gullugyny ösdürmek. Ýygnak ýolbaşçylary nähili bosa, ýygnagam
şonuň ýaly bolýar. Suwuň özi öz çeşmesinden ýokary galmaýar.
Kiçi toparlaryň ýolbaşçylarynyň ruhy abadançylygy hakda ilkinji
Ýolbaşçylyk endiklerini ösdürmek 137
nobatda ýygnagyň ýokarky ýolbaşçylary alada etmelidirler. Edilen
işden alynýan lezzet hem az rol oýnamaýar. Eger ýolbaşçylar öz
kärdeşlerine nädip üstünlik gazanmalydygyny öwretmäge ukyply
bolsa, onda olaryň borjy ýerine ýetirme duýgusy özleriniň işleriniň
hiliniň gowy tarapa üýtgemesinde görner.
Kollektiwiň ahlak ýagdaýy — mümkin bolan ýerleriň
hemmesinde büdreme daşyndan saplanmakdyr. Komandanyň
agzalarynyň arasyndaky dawalary iň pes derejesine getirmek gerek.
Aragatnaşyklardaky meselelere ýeterlik derejede üns berilmese,
tutuş toparyň işe höwesliligi peselýär, öndürijilik aşak düşýär. Eger
siz kyn ýagdaýy nädip çözmelidigini bilýän bolsaňyz, onda muny
dogry hem öz wagtynda etmelisiňiz. Eger komanda agzalarynyň
biri beýlekileriň hemmesi üçin büdreme daşy bolup durýan
bolsa, bu ýagdaý her neneň howpy döredýän bolsa-da, günäkär
adam bilen haýal etmän çözlüşmelidir. Elbetde, islendik meseläde, islendik adama-da, söýgi hem düşünme bilen garamalydyr,
ýöne parahatçylykly gatnaşyklaryň hatyrasyna Hudaýyň işini
äsgermezçilik etmeli däldir.
Şahsy aragatnaşyklar — tigirleriň jygyldaýan ýerine ýag çalmaly.
Komanda gatnaşýanlaryň arasyndaky gowy gatnaşyklar aňry ýany
bilen wajypdyr. Birnäçeleri ýolbaşçylyk etmegi gowy görýärler,
başgalary bolsa, hemme zatda söýgä esaslanýarlar. Diňe soňkulary
hakyky ýolbaşçylar bolup çykýar. Adamlar bilen iş salşanda, bir
çüýşe kislota bilen däl-de, ýag bilen ýaraglananyň gowudyr.
Kyn meseleleri çözmek — döwülýän zatlaryň hemmesini
bejermeli. Ýolbaşçynyň wajyp işleriniň biri-de, öz guramasynda
ýüze çykýan kynçylyklaryň hemmesini çözmeklik bolup durýandyr.
Kynçylyklary döretmek kyn däl, ýöne olary çözmek aňsat bolmaýar.
Ýolbaşçy meseleleriň hemmesine hakyky ugry tapmalydyr-da, olar
çözülýänçä, ýan bermeli däldir.
Paýhasly planlaşdyrma — mümkin boldugyça zerur bolan
zatlaryň hemmesi bilen üpjün etmeli. Öz şahsy planyňy düzenden,
başga biriniň planyny tankytlanyň aňsatdyr. Ýolbaşçy maksady
aýdyň görmelidir, planlaşdyrma döredijilikli ugur bilen gelmelidir,
üstünlige alyp barýan usullary ulanmalydyr. Şu ýerde işlenilip
düzülen plany durmuşa ornaşdyrýan we muňa mynasyp bolan
138
R uhy
ýolbaşçylyk
adamlaryň ýetmezçiligi diýseň köp duýulýar.
Öz ýolbaşçylyk ukyplaryňy ösdürmegiň ýene bir ýoly —
ýolbaşçynyň öz arkasynda duranlaryň isleglerine eýermelidigi
baradaky giň ýaýran ýalňyşlyga her hili edip garşy durmakdyr.
Ýolbaşçylyk mydama-da, aşakdan ýokarlygyna däl-de, ýokardan
aşaklygyna edilýär. Ysraýylyň çölde sergezdançylyk çekmegine hut
aşakdan ýokary ýolbaşçylyk etmeklik sebäp boldy.
Ençe ýygnaklar we guramalar çykgynsyz ýagdaýda bolýarlar,
sebäbi olaryň ýolbaşçylary kimdir biriniň täsiriniň pidasy bolýar.
Eger ýygnagyň başgaça pikir edýän agzasynyň pikiri ruhy
ýolbaşçylaryň pikiri bilen ylalaşmaýan bolsa, onda oňa bütin
ýygnagyň syýasatyny kesgitlemäge ýol bermeli däldir.
15 — NJI BAP
Ýolbaşçylygyň bahasy
Siz Meniň içjek käsämden içip bilersiňizmi? Ýa Meniň
çokunyşym bilen çokunyp bilersiňizmi?
Мarkus 10:38
H
udaýyň Patyşalygynda ýolbaşçylyk etmäge dyrjaşmaklyk bizi
başgalara seredende has ýokary bahany tölemäge taýýar bolma
zerurlygyna alyp barýar. Hakyky ýolbaşçylyk üçin tölenýän töleg,
dogrudanam, ýokarydyr. Ýolbaşçy näçe üstünlikli bolsa, ol munuň
üçin şonça-da köp töleg tölemeli bolýar.
London Politehniki Institutyny esaslandyryjy Кwinton Hogg
özüniň bar serişdesini bu binanyň gurluşygyna sarp edýär. Ondan
munuň üçin näçe goýum goýandygyny soranlarynda, ol: „Töleg
juda ýokary bolmady, bary — ýogy soňky damja ganyna çenli
döken bir adamyň bütin ömri“ — diýip jogap berýär1.
Ýetilen islendik beýik derejäniň bahasy şeýledir, ýöne ony
derrew tölemeýärler. Üstünlik üçin tölegiň berk grafigi boýunça
tölenilýär. Şol grafige laýyklykda gündelik tölegiň geçirilip
durmagy zerurdyr. Häli — şindi täze sçýotlar ýazylýar, ýöne
töleg bes edilen badyna ýolbaşçynyň üstünligi bir ýere ýitip gidýär.
Rebbimiz biziň bir wagtyň özünde özümizi hem başgalary halas
edip bilmejekdigimizi öwretdi.
Samýuel Brengl şeýle ýazýar:
Ruhy güýç — bu ruhy ýaşaýşyň inmegidir, ol hem, mohdan
we lişaýnikden (gaty ownuk ösümlikden) başlap, gökdäki
tagtyň öňündäki perişdelere çenli, islendik ýaşaýyşda bolşy
1
Robert E. Speer, Marks of a Man (New York: Revell, 1907), 109.
140
R uhy
ýolbaşçylyk
ýaly, Hudaýdan syzyp çykýandyr. Şonuň üçin ýolbaşçylyk
etmäge çalyşýanlar munuň üçin töleg töleýärler we hemme
zatda Hudaýa bil baglaýarlar2.
Özüňi pida etmeklik
Ýolbaşçylygyň bahasynyň bu bölegini her gün tölemek wajypdyr. Ruhy
ýolbaşçynyň bu ýolunda haç durandyr, ýolbaşçy hem ony öz üstüne
almalydyr. „Biz söýgini Onuň Öz janyny biziň üçin pida edeninden
tanadyk; biz- de doganlar üçin janymyzy pida etmäge borçludyrys“
(1 Ýahýa 3:16). Mesihiň ölümden direlmesiniň özümizde näderejede
görünjekdigi Onuň haçyny öz egnimize näderejede ynamlylyk bilen
aljakdygymyza baglydyr. Haçsyz ýolbaşçy-da bolup bolmaz.
„Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäniň guly
bolsun. Çünki Ynsan Ogly-da Özüne hyzmat edilmegi üçin däl,
eýsem, hyzmat etmek üçin, köpleriň ugrunda janyny töleg
hökmünde bermek üçin geldi“ (Мarkus 10:44, 45). Ýewreýlere
hatyň 11-nji babynda sanalyp geçilen iman gahrymanlarynyň her
biri öz gullugynda nämedir bir zady pida etmeklige çagyrylypdy.
Ýygnaga ýolbaşçylyk edýän adamlar şahsy tekepbirlik pikirlerinden
ýüz öwürmäge, hatda, Hudaýyň işi ugrunda kanuny hem tebigy
isleglerinden ýüz öwürmäge-de taýýar bolma bilen tapawutlanýarlar.
Brýus Barton tehniki gulluk ediji stansiýalaryň birinde ýazylyp
asylan asgyçdaky gören sözlerini aýdýar: „Biz siziň maşynyňyzyň
aşagyna girip, öz bäsdeşlerimiziň islendiginden-de köp ýaga
bulanýarys“3. Mesihi gullukda adamlara hut şunuň ýaly özüni
pida etmeklige çalyşmalydyr.
2
3
Samuel Logan Brengle, The Soul-Winner’s Secret (London: Salva­tion Army,
1918), 23.
Аwtor reklama agenti Brýus Bartonyň 1925 –nji ýylda çap edilen „Hiç kimiň
bilmeýän adamy“ atly meşhur kitabyna salgylanýar. Kitabyň maksady —
Isanyň adaty bolmadyk ýiti akyla eýe bolandygyny, munuň arkasyndan hem,
adamzat taryhynyň bütin dowamyndaky haýsy hem bolsa bir täjire garanda,
iň uly üstünlige ýetendigini görkezmekden ybaratdy. Barton Isanyň ulanan
usullary bütin dünýäni agdar — düňder edip bilerdi diýip hasaplaýar.
Ýolbaşçylygyň bahasy 141
Samýuel Swemer Isanyň ölümden Öz şägirtleriniň ünsüni
Özüniň bedenindäki ýara yzlara köp çekendigini belleýär4.
Emmausa barýan ýolda şägirtleri Ony tanamadylar, Onuň özlerine
aýdan zatlarynam bilmediler. Isa çöregi döwen wagtynda welin,
olaryň Onuň goşaryndaky ýara yzlary görüp, özleriniň ýanynda
oturanyň kimdigini bilen bolsalar gerek. Isa ölümden direlenden
soň, öýüň içinde aljyraňňylyga düşüp oturan şägirtleriniň arasynda
peýda bolanda, olara „ellerini we aýaklaryny, gapyrgalaryny
görkezdi“ (Ýahýa 20:20).
Ýara yzlar — bu wepaly mesihini we hakyky ruhy ýolbaşçyny
tapawutlandyrýan zatdyr. Ýolbaşçylaryň biri hakda: „Ol joşgunly
ýürekleri özlerini irki mesihileri yzarlamalar döwründe fiziki ölüme
alyp ilkinji görgi gören mesihiler ýalydy“ — diýýärdiler5. Çüýleriň
we naýzanyň ýarasynyň yzlary ýaly, hiç zadam adamlaryň ýüregine
güýçli täsir edip bilmeýär. Şol ýara yzlary — Pawlusyň: „Mundan
beýläk hiç kim maňa azar bermesin! Çünki men Reb Isanyň
ýaralarynyň yzlaryny tenimde göterýärin“ (Galatýalylar 6:17)
diýip ýazyşy ýaly, hiç kimiň ukyply bolmadyk ak ýürekliliginiň
barlagynyň şaýatlygydyr.
Näme, sende ýara yzy ýokmy?
Aýagyňda, teniňde, elleriňde ýara yzy ýokmy?
Seniň güýjüňi wasp edişlerini eşidýärin,
Seniň adygýan ýagty ýyldyzyňy öwýänlerini eşidýärin:
Ýöne sende ýara yzy ýokmy?
Näme, sende ýara yzy ýokmy?
Меni ýaý atyjylar ýaralady-da, surnukdyryp,
4
5
Samuel M. Zwemer, It Is Hard to Be a Christian (London: Marshalls,
1937), 139. Samýuel Marinus Swemer (1867–1952) Ýakyn Gündogardaky
musulmanlara Hoş Habary wagyz etmek üçin missiýa esaslandyrmak bilen
meşgullanýar, soňrak bolsa, Prinston seminariýasynda diniň taryhyndan ders
berdi. Professor Swemer elliden gowurak kitabyň awtorydyr.
Lettie Cowman, Charles E. Cowman (Los Angeles: Oriental Mis­sionary
Society, 1928), 260.
142
R uhy
ýolbaşçylyk
Agaja diräp, ölmek üçin goýup gitdiler.
Меni aç haýwanlar gurşady, men huşumy ýitirdim:
Eýsem, sende ýara yzy ýokmy?
Ýaraň ýokmy? Ýara yzlaryň ýokmy?
Hyzmatkär edil hojaýyny ýaly bolmaga borçludyr.
Meniň yzyma düşjegiň aýaklary deşilen bolmalydyr;
Ýöne seniňkiler sagdyn. Kimde ýara, ýara yzy bolmasa,
Şol uzaga gidermi??
Emi Karmaýkl6
Resul Pawlus özüni we öz ýüküni aşaky ýaly suratlandyrypdyr:
Biz her tarapdan gysylýarys, ýöne owranmaýarys. Biz çäresiz
ýagdaýdadyrys, ýöne çykalgasyz däldiris. Kowalanýandyrys,
ýöne terk edilen däldiris. Ýere urlandyrys, ýöne ölen däldiris.
Isanyň ýaşaýşy tenimizde aýan bolsun diýip, Onuň ölümini
hemişe tenimizde göterýäris. Çünki biziň ölümli tenimizde
Isanyň ýaşaýşy hem aýan bolsun diýip, biz — ýaşaýanlar
Onuň hatyrasyna ölüme tabşyrylýarys.
(2 Коrintoslylar 4:8–11)
Ýekelik
Nisşeniň aýtmagyna görä, wagtyň geçmegi bilen kynlaşýar:
sowuk zat has-da sowuk bolýar, şemal has güýçli, borçlaryň ýüki
öňküsinden agyr bolýar7.
6
7
Used by permission of the Christian Literature Crusade, Fort Washington, Pa.
Fridrih Nisşe (1844–1900) lýuterian maşgalasynda terbiýelenýär, şeýle-de
bolsa, alym we uniwersitetiň ýanyndaky filosofiýanyň professory bolandan
soň, täze döwrüň iň bir barypýatan ateistleriň biri bolýar. Ol Isanyň Özüne
guwanýan bolsa-da, mesihilik ynamyny we mesihileriň ýaşaýyş obrazyny
ýazgarmak üçin hemme zatdan bahana gözleýär. 1889-njy ýylda Nisşe
akylyndan azaşan hökmünde ykrar edilýär, şeýle-de bolsa, ýygnaga, onuň
missiýasyna we ahlagyna edýän hüjümini dowam etdirdi.
Ýolbaşçylygyň bahasy 143
Ýolbaşçy mydama yzyna düşýänleriň öňünde bolmaga
borçludygy sebäpli, onuň durmuşy ýeke bolýar. Ol dostluk
söýüji hem gürleşmäge açyk bolsa-da, durmuşynyň käbir
ulgamlarynda ol ýekeligi başdan geçirmeli bolýar. Hadson Teýlor
otstawka gidip, Hytaýyň Içki Missiýasynyň ýolbaşçylygyny öz
üstüne ýüklände, Dikson Houst özüni ýeke duýdy. Bu wezipä
bellenilenden soň, Houst: „Indi meniň ýanymda Hudaýdan başga
hiç kim ýok“ — diýipdir. Ol dagyň depesinde öz Hudaýy bilen
ýekelikde durdy.
Adamlar bilen gatnaşykda bolmaklyk biziň tebigy talabymyzdyr,
biz jogapkärçiligiň we dürli borçlaryň agyr ýüküni başgalar
bilen paýlaşmaga dyrjaşýarys. Musa özüniň baştutanlygynyň
üstünligi üçin hut şunuň ýaly ýol bilen töleg tölemeli boldy: dagda
ýeke boldy, çölde ýeke boldy, oňa düşünmediler we her hili ýol
bilen tankytladylar.
Köneäht pygamberleri ýekediler. Hanok Hudaýyň hökümini
wagyz edip, azgyn jemgyýetiň içinde ýekelikde ýaşady.
Munuň üçin ol Hudaýyň barlygy bilen sylaglanyldy. Ýunus
million ýaşaýjysy bolan butparaz şäher Ninewide ýekedi. Biziň
günlerimizdäki iň ýeke wagyzçy — bu wagtyň adaty gidişini
böwsüp geçýän geljekki gün baradaky pygamberligi etmeklik
tabşyrylan wagyzçydyr.
Pawlus özüniň alçaklygyna garamazdan ýeke bolupdyr.
Dostlary oňa nädogry düşünipdirler, duşmanlary ony ýalançy
ýaly edip görkezipdirler, täze imana gelenler ony terk edipdirler.
Onuň Timoteosa: „Aziýa ilindäkileriň hemmesiniň… menden
arany açanyny bilýänsiň“ (2 Тimoteos 1:15) diýen sözleri nähili
agyrydan doly!
„Dünýädäki iň beýik adamlaryň köpüsi ýekediler. Ýekelik
mukaddes adamyň öz mukaddesligi üçin tölemeli bahasymyka
diýýärin“ — diýip, E. U. Toýzer ýazýar. Ýolbaşçy — bu
dostlarynyň berýän goldawyny ret etmän, ýekelikde,
hatda Hudaý bilen ýeke galmaga paýhassyz garşylyk
görkezmede-de ýekelikde durup bilmäge ýeterlik derejede içki
güýje eýe bolýar.
144
R uhy
ýolbaşçylyk
Makullama garaşman,
Ýakynlarymdan kömege garaşman, öňe!
Ýolda ýeke men, işlerimiň baryn edýänçäm,
Maňa dynç alma ýok.
F. Meýers
Ýadawlyk
„Dünýäni ýadaw adamlar dolandyrýar“. Belki, bu çişirilip aýdylan
zatdyr, ýöne bu sözlerde hakykatyňam paýy bar. Ýolbaşça
bildirilýän talaplar, hatda iň berk adamyň hem, güýjüniň hemmesini
almaga ukyplydyr. Ýöne mesihiler özleriniň güýjüni nädip
dikeltmelidigini bilýärler. „Munuň üçin, biz ruhdan düşmeýäris,
gaýtam, daşky adamymyz bozulsa- da, içki adamymyz günbegünden täzelenýär“ (2 Кorintoslylar 4:16). Hatda Isa-da, Öz
gullugyny alyp baranda ýadady, şonuň üçin Oňa dynç almak gerek
boldy (Ýahýa 4:6). Isa syrkaw aýal Öz geýminiň gyrasyna elini
degreninde, Özünden güýjüň gidenini duýdy (Мarkus 5:30). Ýekeje
gowy iş hem, ruhy güýjüň we içki güýjüň belli bir bölegini alman
doly tamamlanylyp bilinmez.
Doly, dowamly abadançylykda ýaşaýan adamlar ýolbaşçy
bolup bilmeýärler. Eger mesihi ir tutup, giç agşama çenli
işlemek islemese, jan edip öwrenmek we päk wyždan bilen
zähmet çekmek üçin çynlakaý tagalla etmese, onda oňa öz
nesliniň adamlaryna azajyk täsir ýetirmegem başartmaz.
Adamlara ýolbaşçylyk etmegiň bahasy — ýadawlykdyr. Eger
siz ýadamak islemeseňiz, onda öz işiňizde diňe ujypsyzja
netijelere ýetersiňiz.
Duglas Torntos Ýygnaklaryň Missionerçilik Soýuzynyň kätibine
ýüzlenip şeýle ýazypdyr:
Men juda ýadadym! Men işlemegi dowam ederden gaty ýadaw,
hatda şunuň ýaly aşa ýadawlyk sebäpli, ýatybam bilemok…
Eger munuň ýaly dartgynly işlemegi bes etdirmesem, onda
men juda ir garraýaryn, lukmanlaram maňa gysga ömri
pygamberlik edýärler. Aýalyma mendenem beter kyn boldy.
Ýolbaşçylygyň bahasy 145
Oňa dynç almak juda wajyp… Wah, eger biziň ýurdumyzdaky
ýygnak bu gün özümize berilýän mümkinçilikleriň ýarysyny
görsedi! Näme, hiç kim çagyryşy eşitmeýärmikä? Haýyş
edýärin, bize kömek etmäge çalşyň8.
Ine, ýadan ýolbaşçy missionerler ýaşynyň bir çene ýetendigi
sebäpli, özlerinden rehimsizlik bilen arany açýan mümkinçiliklerden
soňky güýçleri bilen peýdalanmaga dyrjaşýarlar.
Gapdaldan edilýän tankyt
„Weýran ediji tankytdan başga hiç zadam, ýolbaşçynyň
hasyllylygyna, ukyplylygyna we başarjaňlygyna şeýle
ýaramaz täsir edip bilmez… Tankyt etmeklik tankyt edilýäniň
pikirlenme prosesine päsgel berip, onuň netijeliligini ýatyryp
biler. Şonda adamda özüne hormat goýma peselýär, ol
öz üstüne ýüklenilen borçlaryň hötdesinden gelmäge az
derejede ynamly bolýar“9.
Ýekeje ýolbaşçynyňam, ýekeje güni tankytsyz geçýän
däldir, sizi tankytlan wagtlarynda bolsa, pesgöwünliligiňiz agyr
synaga salynýar.
Fred Mitçel bir ýaş gullukça ýazan hatynda şeýle diýýär:
Men seniň duçar eden gödek tankydyň içinden tapyp bolaýjak
ak patalaryň hemmesinden peýdalanmagy öwrenendigiňe
begenýärin… onuň hatda iň ýaralaýjy hüjümleri-de, seniň üçin
gowy miwä öwrülip biler. Hanym Mitçel ikimize: „Özümize
näme boljakdygynyň ähmiýeti ýok, munuň deregine,
biziň muňa bolan garaýşymyz aňryýany bilen wajypdyr“
— diýen sözler örän kömek etdi. Saňa ondan-da, gödek
tankyda taýýalanmak gerekmikä diýip pikir edýärin, sebäbi
seniň jogapkärçiligiň ösdügiçe bu gutulgysyzdyr. Tankyt
8
9
W. H. T. Gairdner, Douglas M. Thornton (London: Hodder & Stoughton,
n.d.), 225.
R. D. Abella, in Evangelical Thought (Manila, n.d.)
146
R uhy
ýolbaşçylyk
adamy Hudaýyň isleýşi ýaly, Onuň öňünde kiçigöwünlilikde
gezmeklige mejbur edýär10.
Mukaddeslige bolan özüniň ünslüligi bilen meşhur bolan
Samýuel Brengl günleriň birinde öz adyna aýdylan gödek
tankyda duş geldi. Ol özüni goramagyň deregine: „Men size
bu ýazgarmaňyz üçin ýürekden minnetdar. Men muňa mynasyp
bolandyryn diýip pikir edýärin. Dostum, siz meniň üçin doga
etmäge razy bolarsyňyzmy?“ — diýip jogap beripdir. Samýuel
Brengl özüniň ruhy durmuşyny kimdir biri birwagt tankytlama
başlanda: „Meniň durmuşymy tankyt etme kararyna geleniňiz
üçin sag boluň. Bu meni özüme seretmäge we doga edip, ýüregimi
derňemäge ruhlandyrdy. Her gezek şeýle edenimde, men öz
ýüregimiň mukaddesliginiň Isa Mesihe doly baglydygyny has
çuň duýýaryn, şeýdip, Onuň bilen gatnaşygymyz has ýakymly
bolýar“ — diýipdir 11.
Munuň ýaly jogap töwerekdäkileriň tankydy belliklerini,
ýolda päsgelçilik bolmagyň deregine, lagnatdan ak pata öwrülip,
gymmatly emläk bolýar.
Resul Pawlus adamlaryň däl-de, Hudaýyň makullamasyny
gözledi. Ol özüniň aňsat bolmadyk hyzmaty bilen töweregindäkileriň
göwünlerinden turjak bolup meşgullanmady (Galatýalylar
1:10). Mundan başga-da, öz adyna aýdylýan tankytlar Pawlusy
gyzyklandyryp durmady: „Siziň ýa adamlaryň diwanynyň
üstümden höküm çykarmagy meniň üçin möhüm zat däl, ýöne
özüm hem öz üstümden höküm çykarmaýaryn… Meniň üstümden
höküm çykarýan Rebdir“ (1 Коrintoslylar 4:3, 4). Pawlus
başgalaryň belliklerine aşa çynlakaýlyk bilen garamazlyga özüne
rugsat beripdir, sebäbi onuň ýüregi Hudaýa bagyş edilendi
(Коloseliler 3:22).
Eger ruhy durmuşy çuňlugy bilen tapawutlanmaýan adam
munuň üstüne töweregindäkileriň pikirine bolan perwaýsyzlygy
10
11
Phyllis Thompson, Climbing on Track (London: China Inland Mission,
1954), 116.
C. W. Hall, Samuel Logan Brengle (New York: Salvation Army, 1933), 272.
Ýolbaşçylygyň bahasy 147
hem goşsa, bu ony weýrançylyga alyp barar. Adamlaryň pikirine
garaşsyz bolmaklyk durmuşy maksady Hudaýy şöhratlandyrmakdan
ybarat bolan adam üçin iň peýdaly häsiýet bolup biler. Resul
Pawlus Hudaýyň sesini gaty gowy eşidip bilipdir, sebäbi adamlaryň
sesleri onuň üçin Hudaýyň sesinden ýuwaş eşidilipdir. Pawlus
adamlaryň ýazgarmasyndan gorkmandyr, sebäbi özüniň adam
ygtyýaryndan ýokary bolan ygtyýaryň öňünde duranyna düşünipdir
(2 Коrintoslylar 8:21).
Inkär edilme
Ýokary ruhy prinsiplere eýerýän ýolbaşçy öz Rebbiniň yzyna düşüp,
inkär edilme we adamlaryň kabul etmeýän ýolundan barýandygyny
duýup biler, sebäbi Isa „Özüniňkilere gelse-de, Özüniňkiler Ony
kabul etmändiler“.
J. Gregori Mantl ýygnakda diýenini etmekden ýüz öwren bir
gullukçy hakda gürrüň berýär. Ruhy çopan ýygnagy ýaşyl otly
örülere we ýuwaş akýan suwlaryň boýna alyp gitmek isläpdir,
emma ýygnak agzalary muny islemändirler. Ýygnagyň horuna
gatnaşýanlaryň düýbünden mesihilige gelişmejek hereketleri ruhy
çopanyň hora ýygnanyşyga gatnaşmakdan boýun towlamagy
teklip etmegine alyp barypdyr. Hor şeýle hem edipdir. Munuň
üstesine, ýygnaga barýan beýleki adamlary-da, indiki ýekşenbe
ýygnanyşygynda aýdym aýtmazlyga yrypdyr. Ruhy çopanyň ýeke
özi aýdym aýtmaly bolupdyr.
Ahyrsoňy, ruhy çopan indi näme etjegini bilmedik wagtynda,
Hudaý oňa ýüzlenýär. Seýilgähde oturgyçda otyrka, ol
gazetiň bir bölejigini görýär. Ol bölejikde: „Bir adamy doly
inkär edýänçäler, ony doly kabul etmezler“ — diýlen sözler
saklanylyp galypdy. Ruhy çopana mundan başga hiç zadam
gerek bolmandyr. Ony Mesih sebäpli, doly inkär etdiler.
Onuň muňa düşünen wagty üstünlikli, hasylly gullugyň
başlangyjy boldy. Ony adamlar inkär etseler-de, Hudaý mundan
öň ony kabul edipdi.
A. B. Simpson Hudaýyň göze görnüp duran çagyryşyna
eýerip, ruhy çopançylyk wezipesini terk edende, inkär edilmäniň,
148
R uhy
ýolbaşçylyk
terk edilmäniň, ýigrenilmäniň nämedigini bilýärdi. Ol gowuja
aýlykdan, uly şäherdäki baş ruhy çopançylyk wezipesinden ýüz
öwrüp, özüniň ozal hiç kim meşgullanmadyk işi üçin haýsydyr
bir dini guramadan maliýe kömegini alma mümkinçilikleriniň
hemmesinden mahrum boldy. Onuň yzyna eýerijiler ýokdy, onuň
arkasynda hiç hili gurama duranokdy, ýygnan serişdesem ýokdy-da,
diňe eklemesi zerur bolan uly maşgalasy bardy. Ýanyndakylaryň
hemmesi oňa şowsuzlygyň boljakdygyny öňünden aýdýardylar. Ol
özüniň daş düşelen köçeden duýgudaşlyk gözlemeli bolandygyny,
sebäbi gymmatly saýan dostlarynyň bu meselede özünden ýüz
öwrendiklerini az aýtmady.
„Ol ählumumy inkär edilmäniň gaty ýodasynda ykbaldan
nalaman, Hudaýda şatlanyp ýöredi. Ol özüniň oduň hem suwuň
içinden geçmeli bolandygyna garamazdan, bu ýoluň Hudaý
tarapyndan bellenilendigini, şonuň üçin hem onuň üstünlige
alyp barýanyny bilýärdi“12. Simpsonda hut şeýle hem boldy. Ol
ömrüniň ahyrynda missionerleri taýýarlaýan bäş sany okuw jaýyny
esaslandyrdy, on alty ýurtda missionerleriň birnäçe ýüzüsini okatdy
we ABŞ-da hem Kanada-da, köp sanly ýygnaklary esaslandyrdy.
Bu ýygnaklaryň ruhy täsiri aýratyn her bir ýygnagyň agzalarynyň
mukdaryndan has ýokary bolupdyr.
„Örän köp ýagdaýlarda mähelle öz ýolbaşçysyny dünýäden
ötýänçä, ykrar etmeýär, soň bolsa olar, ýolbaşçy dirikä oňa atan
daşlaryndan onuň hatyrasyna ýadygärlik dikeldýärler“13.
Ýagdaýlaryň basyşy we ýüki
Biz mesihi hökmündäki ösüşimiz bilen bilelikde Hudaýyň
islegine düşünmeklik gitdigiçe aňsatlaşar diýip, ynanjaňlyk
bilen çaklamaga meýilli bolýarys. Ýöne köplenç munuň tersine
bolýar. Hudaý tejribeli ýolbaşça uly adam hökmünde seredip,
öňkülerine garanda, düşnükli görkezmeleri az berip, gitdigiçe
köp zady onuň ruhy duýgurlygyna goýýar. Meseleleri çözmekdäki
12
13
J. Gregory Mantle, Beyond Humiliation (Chicago: Moody, n.d.), 140–41.
Cowman, Cowman, 258.
Ýolbaşçylygyň bahasy 149
artýan kynçylyk ýolbaşçynyň duýýan basyşyny gutulgysyz
ýagdaýda güýçlendirýär.
D. Ýe. Houst bir tanşy bilen eden gürrüňdeşliginde şeýle diýýär:
Ýagdaýlaryň basyşy durmuşyň dowamynda üznüksiz
üýtgäp, etapdan etapa geçýär… Hadson Teýlor bir gezek
ýaş wagtynda mesele çözmegiň özüne aňsat düşendigini,
akylynyň basyşsyz tiz işländigini boýun alýar. Ol: „Emma
indi welin, Hudaý meni ýeterlik derejede gullukda uzak
ulanandan soň, men gitdigiçe dumanda azaşyp ýören
adama köpräk meňzeş bolýaryn. Men näme etmelidigini
bilmeýärin“ — diýýär14.
Ýöne hereket etme wagty gelende, Hudaý Özüniň wepaly
gullukçylarynyň ynamyna mydama jogap berdi.
Töwerekdäkileriň töleýän bahasy
Ýolbaşçynyň ýanynda bolan adamlaram, onuň gullugy üçin töleg
töleýärler. Käwagt bu baha ýolbaşçynyň özüniň töleýän tölegindende ýokary bolup biler. Fred Metçell Hytaýyň Içki Missiýasynyň
britan direktorynyň wezipesine çakylygy kabul edende, öz
çagalaryna şeýle hat ýazýar:
Meniň ýüregime gaty agyr düşýär, şonuň üçin käwagt
men indi özümi ejeňize we size, çagalar, bagyş edip
bilmändigime aňryýany bilen gynanýaryn. Hasyl köp,
emma işçi az, bu bolsa, maňa bir ýa iki gezek kömek
sorap ýüzlenip goýmandyklaryny aňladýar. Meni
size ünssüzligim üçin bagyşlap bolmaz, ýöne siziň
gadyrdan Rebbimiz Isa Mesihe etjek ýekeje pidaňyzam,
sylagsyz galmaz15.
14
15
Phyllis Thompson, D. E. Hoste (London: China Inland Mission, n.d.), 130–31.
Phyllis Thompson, Climbing on Track, 115.
150
R uhy
ýolbaşçylyk
Lider bolmak üçin öz üstüňe jogapkärçilik almaga taýýar bolmak
gerek. Lider bolmak üçin Hudaýyň Patyşalygyny gurmaga taýýar
bolmak gerek. Ine, näme üçin Isanyň sözleri şeýle göçgünli bolan
eken: harjyny hasaplamak, haçyňy almak. (Luka 14:25-33)
16 — NJY BAP
Ýolbaşçynyň borçlary
Bulardan başga-da her gün meni basmarlaýan ähli ýygnaklar baradaky aladadyr.
2. Коrintoslylar 11:28
I
sa adamlara ýolbaşçylyk etmek hakda gürrüň etdi. Muny ýygnakda
gulluk edýänlere bolşy ýaly, dünýewi guramanyň ýolbaşçysyna-da
ulanmak bolar. Feldmarşal Montgomeri özüniň harby tejribesine
esaslanyp, harby ştabyň düzümine girýän ofiserler esgere gulluk
edýär, gowy ştab ofiseriniň özi kölegede galyp, öz komandirine
tabyn bolýar diýen netijä gelýär.
Brýus A. B. özüniň „Onikini taýýarlamak“ atly kitabynda ýazýar:
„Beýleki patyşalyklarda özlerine gulluk etmäge borçludyrlar diýip
hasaplaýanlar hökümdarlyk edýärler. Hudaýyň döwletinde bolsa,
başgalara gulluk etmegi özlerine hormat bilýänler hökümdarlyk
edýärler“1. Prinstondan bolan Jon MakKeý mesihilik ynamynyň
merkezi keşbi hyzmatkäriň keşbidir diýip belleýär. Hudaýyň Ogly
Atasynyň maksadyny amala aşyrmak üçin Onuň hyzmatkäri boldy.
Bu Hudaýyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin missionerçilik
jemgyýetleriniň, ýygnaklaryň we aýratyn mesihileriň göreldesine
eýermeli bolan keşbidir.
Hakyky ýolbaşçy ilkinji nobatda öz oňaýlylygy ýa-da
abraýy hakda däl-de, başgalaryň abadançylygy hakda pikir
eýdär. Ol başgalaryň betbagtçylygyna duýgudaşlyk bildirýär,
ýöne bu duýgudaşlyk berkidýär we adamlara umyt berýär-de,
1
Аleksandr Balmeýn Brýus (1831–1899), apologetikanyň we Täze Ähtiň
professory, 1868-nji ýyldan başlap, ölýänçä, Glazgoda, Azat Ýygnak Kollejinde
ders berdi. Ol „Onikini taýýarlamak“ kitabyny 1871-nji ýylda ýazdy.
152
R uhy
ýolbaşçylyk
olaryň ýüreklerini ýumşatmaýar hem-de adamlary özlerini ejiz
duýmaklyga mejbur etmeýär. Ruhy ýolbaşçy mydama adamlary
Rebbe bil baglamaklyga we Oňa ynanmaklyga ugrukdyrýar. Her
bir bolan wakada ol kimdir birine kömek etme mümkinçiligini
görýär. Hudaý Musanyň ýerine bolmaly ýolbaşçyny saýlanda,
Ýeşuwa özüniň wepaly hyzmatkärdigini subut eden şol
ýolbaşçy bolupdy (Çykyş 33:11).
D. Ýe. Houst Hytaýyň Içki Missiýasyna ýolbaşçylyk etmekde
ornuny eýelän adamy bolan Hadson Teýlor hakda gürrüň berende,
şeýle ýazypdyr:
Onuň bize şeýle täsir ýetirmeginiň ýene bir syry
töweregindäkilere bolan ullakan duýgudaşlygynda we
aladaçyllygynda, olaryň abadançylygyna we amatlyklaryna
ünsli garamasynda jemlenendi. Onuň öz işinde mydama
saklan özüni pida edijiliginiň ýokary derejesini saklan we
agyr zähmete taýýarlygy onda hiç haçanam, bu babatda edil
özi ýaly öňe gidip bilmediklere ýumşaklyk hem duýgudaşlyk
bilen garamanyň ýetmezçiligini döretmedi. Ol haýran
galdyryjy duýgurlyk we öz doganlarynyň şowsuzlyklaryna
we kemçiliklerine az bolmadyk sabyrsyzlygy görkezýärdi,
şol sebäpdenem, ençe ýagdaýlarda olara beýik derejede
Hudaýa wepalylyga ýetmäge kömek edip bildi2.
Tertip düzgün
Tertip — düzgünlilik we tertibe salma ukyby — ýolbaşçynyň ýene
bir borjudyr. Bu borjy köplenç üýtgeşik bir ruhubelentliksiz kabul
edýärler. Islendik mesihilik jemgyýeti taglymat, ahlaklylyk we
özüňi alyp baryş babatda kada laýyk gelmek üçin takwa tertip —
düzgüne mätäç bolýar.
Tertiplilik
öwredilen
ýolbaşçylary
nähili
ruhuň
tapawutlandyrmalydygyny resul Pawlus gürrüň berýär: „Eý
doganlar, bir adam bir ýazyk üstünde tutulsa, Ruha uýan siz
2
Phyllis Thompson, D. E. Hoste (London: China Inland Mission, n.d.), 217.
Ýolbaşçynyň borçlary 153
beýle adamy ýumşaklyk ruhy bilen dogry ýola getiriň. Sen
hem synalmaz ýaly, özüňe seret“ (Galatýalylar 6:1). Tertibi
ýola goýmak üçin düzgüniň iň wajyp bölegi — söýgi —
wajypdyr. „Ony duşman hökmünde görmän, ýöne bir dogan
hökmünde oňa öwüt beriň“ (2 Selanikliler 3:15). „Şonuň üçin
oňa bolan söýgiňizi tassyklamagyňyzy sizden haýyş edýärin“
(2 Коrintoslylar 2:8). Öz kynçylyklaryny we ejizliklerini
boýun almagy başaran adam başga birine ýumşaklyk, şol bir
wagtyň özünde-de, aýgytlylyk bilen kömek etmegi hemme
zatdan gowy başarar.
Tertibe salmaklyk talap edilende, ýagdaýlar bilen iş salşanda,
ýolbaşçy birnäçe wajyp zatlary ýatda saklamalydyr: (1) ilki
ýagdaýy jikme — jik we adalatly öwrenmek gerek; (2) soň
munuň iş üçin we adam üçin nähili peýda getirip biljekdigine
baha bermek zerurdyr; (3) hemme zady söýgi ruhunda, mümkin
boldugyça juda edepli etmek gerek; (4) hemişe düzgün bozujynyň
ruhy abadançylygynyň dikeldilmegine üns bermek gerek; (5) her
ädimde doga etmeli.
Ýolbaşçylyk
Ýolbaşçynyň jogapkärçiliginiň üçünji ulgamy — başgalara ýol
görkezmek. Ruhy ýolbaşçy yzy bilen kimdir birini alyp gitmezden
öňürti, özüniň nirä barýanyny bilmäge borçludyr. Ýolbaşçy öz
sürüsiniň öňünde ýöremelidir. Özümiziň Baş Çopanymyz bize
öýküner ýaly nusga galdyrdy: „Goýunlaryny daşaryk çykarandan
soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar
bolsa onuň yzyna düşýändir“ (Ýahýa 10:4). Bir gezek E. U.
Tozer: „Kämil ýolbaşçy — bu Hudaýyň sesini eşidýän we
Onuň özüne hem başgalara ýüzlenýändigi sebäpli, başgalara öz
yzyna düşmekligi bildirýän adamdyr“ — diýipdir. Resul Pawlus
Korintosdaky mesihilere: „Meniň Mesihden görelde alşym ýaly,
siz hem menden görelde alyň“ (1 Коrintoslylar 11:1) — diýip
ýüzlenýär. Pawlus özüniň Kime öýkünýänini we nirä barýanyny
bilýär, şonuň üçin ol başgalary hem, şol ugra eýermeklige
çagyryp bilipdir.
154
R uhy
ýolbaşçylyk
Adamlar özleriniň garaýyşlarynda kämil mesihiler bolsalarda, olary öz yzyň bilen alyp gitmeklik aňsat iş däldir. Ýolbaşçy
paýhassyzlyk bilen öz diýeninde durmaga ýol berip bilmez. D. Ýe.
Houst şeýle ýazypdyr:
Вiziň çagyrylan işimizdäki ýaly işde ýolbaşçy adamlar
kejirlik hem garşy çykylmalar bilen hem ylalaşmaga
taýýar bolmalydyrlar. Olar özleriniň pikiriçe sagdyn hem
peýdaly bolan, degişli bolan adamlaryň birnäçesinden
makullama
almadyk
hereketlerden
saklanmagy
başarmalydyrlar. Hadson Teýlory gaýta — gaýta öz
tekliplerini ýa-ha düýpli gaýtadan işlemäge, ýa-da aýgytly
garşy çykylma duş gelen sagdyn hem peýdaly proýektlerden
doly ýüz öwürmäge mejbur etdiler, şol sebäpli hem,
teklip edilen şübheli gymmatly teklip edilen üýtgeşmeler
peýdadan zeleli köpräk getirip biljekdi. Soňrak onuň sabryna
we dogalaryna jogap edilip, olaryň (proýektleriň) köpüsi,
barybir, amala aşyryldy3.
Inisiatiwa
Ýolbaşçy inisiatiwany öz üstüne almalydyr. Birnäçe ýolbaşçylar
täze tertibe başlandan, ýetilen derejäni saklamagy, adamlary öňe
gaýratly okdurylmaga meýillendirmäge garanda, tertibi saklamagy
gowy başarýarlar. Hakyky ýolbaşçy batyrlyk bilen töwekgelçilik
etmelidir, ýöne şol bir wagtyň özünde-de, alan görnüşini
ýitirmeli däldir. Ol duýdansyz başlamaga taýýar bolşy ýaly, alan
tizligini saklamaklyga-da taýýar bolmalydyr. Resul Pawlus häli —
şindi oýlanyşykly töwekgelçilige gitdi, mydama aşa seresaplylyk
hem güýçli doga etme bilen gitdi, ýöne her gezek uzakdaky,
ýetmesi kyn bolan maksada dyrjaşdy.
Ýolbaşçynyň özi batyrgaý ideýalary ýa-ha özi teklip etmeli,
ýa-da mynasyp bolşy ýaly baha berip, başga mynasyp planlary
kabul etmeli. Ol yzyndan gelýänlere görkezme berip we
3
Ibid., 158.
Ýolbaşçynyň borçlary 155
olary ugrukdyryp, öňde bolmaly. Ýolbaşçy bir zadyň bolaryna
garaşmaýar-da, şol zadyň bolmagy üçin çäreleriň hemmesini
görýär. Mydama täze gelnen kararlary synap görmäge taýýar
bolup, kämilleşdirilen usullary gözläp, özi hereket edip
başlamaklyga ukyplydyr.
Robert Lýuis Stiwenson howpsuzlyk hem goraglylyk duýgusyny
„bu erbet parazit — kömelek“ — diýip atlandyrýardy4. Hadson
Teýlor töweregindäkilere töwekgelçilikli hem yzygiderli däl ýaly
bolup görnen ynam ädimini ädýärdi. Missiýalaryň taryhyndaky
gazanylan beýik derejeler Hudaý bilen ýakyn gatnaşyklarda bolan
we batyrgaý, ýöne oýlanyşykly töwekgelçilige giden ýolbaşçylaryň
hasabynda durandyr.
Has köp şowsuzlyklary täze ideýalary paýhassyz eksperiment
etmelere garanda, aşa seresaplylyk döretdi. Ýygnagyň sosial
programmalarynyň birinde esasy wezipäni eýeleýän dostlarymyň
biri ýaşan durmuşyny seljerende, öz şowsuzlyklarynyň
köpüsiniň batyrlygyň ýetmezçilik edendigi sebäpli boldy diýen
netijä gelendigini öňräk boýun aldy. Arhiýepiskop Moullanyň
aýaly: „Aşa seresaplylyga endik edinen adamlara Hudaýyň
Patyşalygynyň serhetlerini giňeltmek hiç haçanam başartmandy“
— diýip belläpdir5.
Ýolbaşçy haýsy hem bolsa bir başlanan işi köplenç mümkin
bolan ýalňyşlyklardan ýa-da ýitgilerden gorap biljek seresap
adamlaryň maslahatyna gulak asmazlyga özüne ýol berip bilmez.
Şeýle-de bolsa, seresaplylyk alnan görnüşi we başarnyklylygy,
aýratynam ýolbaşçy hemme zadyň aňyrsynda Hudaýyň duranyny
bilen wagtynda, saklamaly däldir.
Jogapkärçiligi öz üstüne almaga taýýarlygy ýolbaşçyny
tapawutlandyrýan tarapydyr. Ýeşuwa şunuň ýalydy. Ol ikirjiňlenip
durman, adamzat taryhyndaky iň beýik ýolbaşçylaryň biri bolan
Musanyň ýerine geçdi. Ýeşuwada özüniň ýaramsyzlygyndan
4
5
In The Reaper, May 1961, 89. Robert Lýuis Stiwenson (1850–1894), iňlis
ýazyjysy, meşhur eserleriniň arasynda „Hazynalar adasy“ we „Doktor Jekiliň
we jenap Haýdyň täsin taryhy“ atly eserlerini agzamak bolar.
Marcus Loane, Archbishop Mowll (London: Hodder & Stoughton, 1960), 249.
156
R uhy
ýolbaşçylyk
arz etmäge Musanyňkydan köp sebäp bardy, ýöne ol Musanyň
günäsini gaýtalamady. Munuň deregine ol haýal etmän, özüne
berlen tabşyrygy alyp, işe başlady.
Ylýas göge alnanda, Elýaşa onuň ýerini eýelemekden boýun
towlap durmady. Ylýasyň dony bilen bilelikde düşen abraýy aýgytly
kabul edip, ol hem, meşhur ýolbaşçylaryň biri boldy.
Gürrüňi edilen ýagdaýlaryň hemmesinde-de, ýolbaşçylar
özlerini Hudaýyň çagyrandygyna ynamly boldular. Muňa hiç hili
şübhe bolmadyk wagtynda, hiç kim özüni Hudaýyň çagyrýan
zadyny etmegiň deregine, ikirjiňlenip durmaly däldir.
Аrhiýepiskop Benson biziň eýýamymyzdan tapawutly
bolan eýýamda ýaşady, emma onuň saklan düzgünleriniň biziň
günlerimizde-de manysy bardyr:
• Bu gün etmeli işiňe isleg bilen başla.
• Öz işliligiňden ýa-da wagtyň tiz geçýänliginden arz etmede, gowusy, wagtyňy tygşytly ulan.
• Нat gelende, hiç haçan hem hüňürdeme.
• Ýük has agyrrak bolup görünmez ýaly, hiç haçan öz
borjuňy çişirme-de, öz borjuňa gowy isleg hem şatlykly
ýürek bilen ýapyş.
• Нiç haçan başgalaryň ünsüni öz agyr işiňe ýa-da işleriň
köneçilligine çekmäge çalyşma.
• Kimdir biri bilen jedelleşmezden ýa-da onuň işine baha
bermezden öňürti, Hudaýdan günä edene bolan hakyky
söýgi dile. Faktlaryň hemmesini bil, öz pikirleriňde ak
ýürekli bol. Ýogsam, seniň tankydyň düýbünden netijesiz,
oýlanyşyksyz bolup çykmagy, hatda aşa özüne çekiji
bolmagy-da mümkin.
• Aýdylýan zatlaryň hemmesine ynan; gybat ýaýratma.
Ýolbaşçynyň borçlary 157
• Öwgi, şöhrat, hormat ýa-da eden hyzmatlaryň üçin
minnetdarlyk gözleme.
• Öz pikiriňi soranlarynda ýa-da senden maslahat sorabam,
oňa eýermedik wagtlarynda hüňürdeme.
• Eger deňeşdirme seniň peýdaňa bolsa, hiç haçanam,
özüňi başga biri bilen deňeşdirmäge ýol berme.
• Gürrüňi öz aladalaryňa we mätäçlikleriňe öwürme.
• Makullanylmaga dyrjaşma, duýgudaşlyk gözleme,
ýumşaklyk sorama-da, bar zady kabul et.
• Günäni öz üstüňe al, ony başgalaryň üstüne ýükleme,
günäni özüň bilen paýlaşyp biläýjek adamy gözleme.
• Seniň şahsy ideýalaryň we eden işleriň üçin başga birini
öwenlerinde, minnetdar bol6.
6
„Robert Ýe. Spiriň durmuşy“ atly kitapdan. Ilkinji tekstde birneme başgaça
aýdylan. Eward Uaýt Benson (1829–1896) 1882-nji ýylda arhiýepiskop
Kenterberiýskiý boldy. Onuň iňlis ýygnagyndaky işi Uelsdäki bilim hem
ýygnak baradaky aýratyn alada bilen tapawutlandy.
17 — NJI BAP
Ýolbaşçy üçin synaglar
Hudaý Ybraýymy synady. Gelip çykyş 22:1
Onsoň, Ruh Isany iblisiň synamagy üçin, çöle äkitdi. Мatta 4:1
R
uhy ygtyýar berlen her bir adam ýolbaşçy hökmündäki öz
başarjaňlygyny barlamaklyga niýetlenilen synaglara gürrüňsiz
duş geler.
Eglişige dyrjaşmak
Siz ylalaşyk gazanjak bolup, öz prinsipleriňizden el çekmäge
razymy? Talaplary azaltmak — bu mydama yza tarap ädilen ädim
bolýandyr, şonuň üçin her bir eglişik, islendik talaby peseltme
diýen ýaly, şuňa alyp barýar.
Musa bilen fyrownyň ýaryşy baradaky hekaýat eglişige
gitmegiň nähili synag bolup biljekdiginiň klassiki mysalydyr.
Fyrown Musanyň ýewreýleri Müsürden alyp gitjek bolýanyny
bilende, oňa päsgel bermek üçin mekirlik hem haýbat ulandy.
„Eger isleseňiz, öz Hudaýyňyza sežde ediberiň, ýöne munuň
üçin Müsürden gitmek hökman däl“ — ine, onuň birinji hilesi
şeýle bolupdy. Bu gün: „Din — bu adaty zat, ýöne onuň bilen
aşa gyzyklanmaň. Diniň özüňizi dünýädäki beýleki zatlaryň
hemmesinden aýry edip goýmagyna ýol bermäň“ — diýen sözler
şuňa meňzeş eşidilerdi.
Munuň peýdasy degmände, fyrown beýleki hilelere ýüz urdy:
„Eger size Müsürden çykmak gerek bolsa, juda uzaga gitmäň. Siziň
Ýolbaşçy üçin synaglar 159
dindarlygyňyzda hiç hili erbet zat ýok, ýöne oňa beýle berilmegem
gerek däl. Mümkin boldugyça hakyky dünýä ýakyn boljak boluň“.
Fyrownyň ýewreý halkyny sežde edenden soň, ýene gaýdyp
gelmäge mejbur etmäge eden üçünji synagynda tebigy duýgulary
kemsitme maksady bardy: „Goý, diňe erkekler gitsin, aýallar
bilen çagalar bolsa, bu ýerde galsyn. Eger özüňiz bu dünýäden el
çekme kararyna gelen bolsaňyz, maşgalaňyzyň beýleki agzalaryny
özleriniň durmuş obrazyny beýle üýtgetmäge mejbur etmäň-dä“.
Fyrownyň ysraýyl halkynyň Müsürden gutarnykly gitmegine
päsgel bermek üçin eden soňky hilesi adam gysgançylygyna
gönügendi: „Bolýar, hemmäňiz gidiberiň, ýöne iri hem
ownuk mallaryňyz şu ýerde galsyn. Özüňiziň tekepbir dini
garaýyşlaryňyzyň öz üstünligiňize we abadançylygyňyza päsgel
bermegine ýol bermäň“.
Мusa fyrownyň hileleriniň hemmesinden gaça durup, aýdyň
ruhy görnüşi görkezdi. „Bärde ýekeje-de toýnakly galmaz“
(Çykyş 10:26) — diýip, ol fyrownyň ýüzüne aýtdy. Şeýdip, Musa
özüniň Hudaýyň halkynyň ýolbaşçysy hökmündäki ukyplarynyň
agyr synagyndan abraý bilen geçdi.
Şöhratparazlyk
Meşhur ýolbaşçylaryň hemmesi, şol sanda Musa-da, bu
synagdan geçdiler. Musa dagdaka, ysraýyl halky butparazlyga
ýüz urdy, şonuň üçin Hudaý halka gaty gaharlanyp: „Men
bulary gyrgyna bererin we mirasdan mahrum ederin. Senden
bulara görä has beýik we has güýçli bir millet dörederin“
(Sanlar 14:12) — diýdi.
Bu wagta çenli Musa halkyň üznüksiz arzlaryndan we
butparazlyk bilen oýun etmelerinden görgi baryny görüpdi. Musa
ýolbaşçylyk etmek ep — esli aňsat bolar ýaly, hemme zady
adamlaryň kiçiräk toparyndan başlamak üçin Hudaýyň bu teklibini
ysraýyllara eden işleri üçin adalatly höküm hökmünde näme üçin
kabul etmeli dälmişin?
Bu çynlakaý synagdy, özem Hudaýyň agzyndan çykýardy. Emma
Musa şahsy şöhratparazlygyny däl-de, öz bähbidini aramaýan
160
R uhy
ýolbaşçylyk
adamkärçilik, Hudaýyň şöhratynyň aladasyny çyndan edýändigini
we azaşdyrylan adamlara duýgudaşdygyny görkezdi. Onuň
beýik derejedäki aňynda öz şahsy beýikligi hakdaky pikir ýekeje
sekuntlygam saklanmady. Ol Hudaýa batyrlyk hem aýgytlylyk
bilen ýüzlendi. Musanyň doga etmeginiň arkasyndan Hudaýdan
daşlaşan halk halas boldy.
Çykgynsyz ýagdaýlar
Ýolbaşçylary öz yzyna düşýänlerden tapawutlandyrmak üçin
Jon R. Mott: „Bu adam çykgynsyz ýagdaýda özüni nähili alyp
barýar?“ — diýip sorag berdi. Mott özbaşdak ukyby terbiýelemek,
köpçülikleýin işiň hilini gowulaşdyrmak we imany berkitmek üçin
ýönekeý soraglar bilen däl-de, ýolbaşçylary agyr, ýerine ýetirip
bolmajak diýen ýaly ýumuşlar bilen ruhlandyrdy. „Men bireýýäm
ikinji derejeli işler, başgalaryň hötdesinden gelip biljek işleri
bilen meşgullanmagy bes etdirdim“ — diýip, ol aýtdy. Hakyky
ýolbaşçy agyr ýagdaýlary we kyn ýumuşlary ýüzbe — ýüz
durup garşy alýar.
Вiziň döwrümizde ýolbaşçylar ozal gürrüňi hem edilmedik
çylşyrymlylykdaky ýumuşlara duş gelýärler. Eger ýolbaşçylar gün
görmekligi niýet edinen bolsalar, onda olar kynçylyklara öz —
özünden bolaýmaly adaty zat ýaly seretmeli bolarlar.
Ysraýyllar Gyzyl deňziň kenaryna baryp ýetenlerinde,
Мusa çykgynsyz ýagdaýa düşdi. Olaryň bir tarapy çöllükdi,
ol tarapdanam, fyrownyň goşuny olara tarap süýşüp gelýärdi,
beýleki tarapynda bolsa, deňiz bardy, ysraýyllaryň bolsa,
gaýyklaram ýokdy. Musa petige düşdi, halk hem, sabyrsyzlyk
edip başlady. Ysraýyllaryň söweş ruhunyň düşmegi bilen
bilelikde: „Näme, Müsürde gabyr ýokdumy, sen bizi çölde
ölmäge getirdiňmi?“ (Çykyş kitaby 14:11) — diýen ýaly arzlar
ýygy — ýygydan eşidildi.
Мusa, beýik iman adamsy, Hudaýyň tarapynda galdy. Onuň
halka berjek buýrugy syrkaw akylyň miwesi ýaly bolup ýaňlanjakdy,
emma, aslyýetinde welin, şol buýruk onuň ýolbaşçylyk işindäki
kesgitleýji pursat boldy.
Ýolbaşçy üçin synaglar 161
„Gorkmaň!“ — diýip, Musa gorky üçin ähli sebäpler bolsa-da,
halky gorkmazlyga çagyrdy.
„Duruň!“ — diýip, ol fyrownyň goşuny okdurylyp, özleriniň
üstlerine süýşüp gelýän bolsa-da aýtdy.
„Rebbiň gutaryşyny görersiňiz!“ — diýip, ol yglan etdi.
Ine, şol adaty bolmadyk we gudratly günde ysraýyl halky
özleriniň tamasyny ödäp, duşmanlaryny gyran Hudaýyň hereketini
gördi. Hudaýyň adamlary alyp barmakdan lezzet alýandygy,
islendik, hatda iň çykgynsyz ýagdaýyň hem hötdesinden gelip,
olaryň dogasyna jogap hökmünde Onuň Öz güýjüni görkezýändigi
biziň üçin ruhlanma bolup hyzmat edip biler.
Hadson Teýlor özüniň Hytaýdaky missionerçilik işiniň
dowamynda ençe agyr meselelere duş geldi. Hudaý üçin ýerine
ýetirilýän beýik işleriň aglabasy onuň üçin üç etapdan geçdi:
mümkin däl, kyn, edildi.
Saýlaw bolman, öňüňde yza ýoluň ýoklugy
Gidere ýeriň ýoklugy öňünden belli bolanda,
Sen durmuşyňda Gyzyl deňizden geçdiňmi?
Diňe bir ýol galanda: öňe gitmelimi?
Rebden herekete garaş, Oňa asuda ynan.
Kalbyňda gorkudan yzam galmaýança ynan.
Hudaý güýçli ýel turzup, deňiz tolkunlaryny galdyrar,
Sen şonda Rebden: „Ýöre!“ sözün aýdyň eşidersiň.
Ertir bilen tüsse buludy kimin uçup, uçýan
Rebbiň Özüniň gysga ýalbaryşy eşidip, öňüňden
barýanyny görersiň.
Ol seni deňizden hem çöllükden alyp geçip,
Saňa şu çaka çenli belli bolmadyk ajap ülkä barar.
Soň gorkyň geçer, duşmanlaryň yzsyz ýiter.
Ahyrsoňy gorkyň ýerine islän rahatlygyňy alarsyň.
Ony Hudaýyň Özüniň kuwwatly eli bilen ýaradan
Merhemetli ülkesinde dyngysyz şöhratlandyrarsyň.
Аnni Jonson Flint1
1
Used by permission of Evangelical Publishers, Toronto, Canada.
162
R uhy
ýolbaşçylyk
Şowsuzlyklar
Töweregindäkileriň üstünlik gazanyjy hasaplaýan adamlarynyň
aglabasy özleriniň içinde öz ýeňlişiniň ägirt uly duýgusyny
gizleýärler. Aleksandr Maklaren köp sanly adamdan ybarat
bolan auditoriýanyň öňünde ajaýyp wagyz etdi, ýöne mundan
soň ol utançdan ýaňa gyzaryp, yzyna seretdi, sebäbi ol doly
şowsuzlyga uçrandyryn öýtdi. Ol ýere gelenleriň hemmesi
wagyzdan ak pata we ruhlanma alyp giden bolsalar-da,
Maklaren: „Men indi hiç haçan munuň ýaly ýygnaklarda wagyz
etmeli däldirin“ — diýdi2.
Belki, onuň tamalary aşa ýokary bolandyr? Ýa-da ol ummasyz
şatlyk duýmaly bolan bolsa-da, şeýtan ony gaýgylanmaga mejbur
edip ýalňyşdyrandyr?
Ýolbaşçynyň öz ýeňşine bolan garaýşy köp zatda onuň
mundan beýläkki işini kesgitleýär. Resul Petrus Mesihi ret
edeninden soň, ýolbaşçy hökmünde özüne bolan hormatyny
ýitiren ýaly bolup göründi. Şeýle-de bolsa, onuň tobasy we Isa
bolan söýgüsi özüne täze mümkinçilik berdi. Şeýdip, şondan
soň, Petrusyň ýolbaşçy hökmündäki hyzmaty tutuş mesihilige
öz täsirini ýetirdi. „…günäniň köpelen ýerinde merhemet
has-da artdy“ (Rimliler 5:20).
Mukaddes Kitap gahrymanlarynyň köpüsi synaglara ýeňlişler
hem şowsuzlyklar bilen döz geldiler. Hatda ýeňliş hakykatdanam
doly bolan ýagdaýlarynda-da, gaýtadan ýolbaşçylyk etme ukybyny
alan adamlar külüň üstünde ýatyp, özüniň betbagtlygyna ýas tutup
oturmadylar. Aslynda, olaryň şowsuzlygy we tobasy Hudaýyň
merhemetine has çuň düşünmeklige alyp bardy. Olar Hudaýyň
mydama ikinji, käwagt hem, üçünji we dördünji mümkinçilikleri
berýänini bildiler.
Taryhçy Jeýms Fraud: „Adama aýratyn şowsuzlyklaryna hem
ýalňyşlyklaryna garap däl-de, durmuşyny nähili ýaşandygyna seredip
2
Аleksandr Maklaren (1826–1910) Mançesterde kyrk bäş ýylyň dowamynda
Birlik Ýygnagynda ruhy çopan boldy. 1905 — nji ýylda Baptistleriň Bütindünýä
Soýuzynyň ilkinji prezidenti boldy.
Ýolbaşçy üçin synaglar 163
baha bermek zerurdyr. Resul Petrus özüne öňünden duýdurylan
bolsa-da, howpuň ilkinji alamatyny görende, Rebbi üç gezek ret
etdi. Şeýle-de bolsa, Reb onuň ejiz hem güýçli taraplaryny bilip,
ony saýlady“3 — diýip ýazypdyr.
Üstünlik gazanan ýolbaşçylar, ýolbaşçynyň özüniň ýa-da başga
biriniň ýeňlişi bolsa-da, ýeňlişi gutarnykly hasaplamaly däldiklerine
düşünipdirler. Hiç kim kämil däldir, şonuň üçin biz mydama mamla
bolup bilmeýäris.
Göripçilik
Ýolbaşçylaryň köpüsi irde — giçde görip bäsdeş ýaly kynçylyk
bilen ýüzbe — ýüz bolýar. Hatda Musa-da, bu synagdan geçmeli
boldy. Göripçilik — şeýtanyň adaty ýaragydyr.
Musa munuň ýaly synag öz ýakynlary — aýal dogany we agasy
— tarapyndan geldi. Musa özüni halky Müsürden çykarmaga
goýberen Hudaýyň sesine özüni pida edijilik bilen gulak asmadyk
bolsa, onda özleriniňem, galan ysraýyllaryň hemmesiniňem,
müsürlileriň gullary bolup galjakdygyny Musanyň doganlarynyň
ýatlaryndan çykarandyklary göze görnüp dur.
Мerýem ol wagt eýýäm garry aýaldy, şonuň üçin onuň
Hudaý bilen gatnaşygy özüne göripçiligiň nähili howpludygyny
we ýigrenjidigini eýýäm öwredip bilýärdi. Şeýle-de bolsa, ol
Musa hakda erbet gybatlary ýaýradyp, halky onuň üstüne
küşgürdi, sebäbi Musa efiopiýaly aýala öýlenipdi. Jynsy ugurdaky
ters pikirler ýigriminji asyrda döremedi-de, has ir peýda bolupdy.
Ýat ýurtly aýalyň özleriniň düşelgesine gelenini Merýem
ýigrenýärdi, şeýdibem, ol gowşak häsiýetli Haruny-da öz
tarapyna çekdi.
Musadan soňky ikinji ýeri eýeleýändiklerinden nägile
bolan Merýem bilen Harun şeýtanyň şugulçylygy boýunça
mümkinçilikden peýdalanyp, ysraýyllaryň öňbaşçysyny agdarmak
islediler. Olar özleriniň dönükligini Hudaýyň göwnünden turýan
3
Jeýms Entoni Fraud (1818–1894) — Oksford hereketine degişli bolan iňlis
ýazyjysy we taryhçysy.
164
R uhy
ýolbaşçylyk
maskany geýdiler: „Reb diňe bir Musa bilen gepleşmän, biziň
bilenem gepleşdi ahyryn“ (Sanlar 12:2)
Мunuň ýaly hüjüm Musany aşa ýaralady, ýöne ol özüni gorajak
bolup, hiç zadam aýtmady. „Musa juda kiçigöwünli adamdy, beýle
adam ýer ýüzünde başga ýokdy“ (Sanlar 12:3). Musa abraý bilen
dyman bolsa-da, Hudaý Öz hyzmatkäriniň abraýyna beýle kast
edilmegini jezasyz goýmady.
Merýem bilen Harun özleriniň bu hereketlerini adamlaryň
arasynda edendigi sebäpli, jezalaram halkyň içinde berildi. „Bulut
çadyryň depesinden syrylanda, Merýem heýwere keseline uçrap,
ak gar ýaly pis açdy“ (Sanlar 12:10). Munuň ýaly gazaply jeza
Merýemiň eden günäsiniň agyrlygyny görkezdi. Şeýle bolmagy
bilen Musanyň beýikligi göründi. Musanyň bolan zada ýeke —
täk garaýşy dogany üçin eden dilegi boldy. Hudaý hem, Musanyň
dogasyna rehimdarlyk bilen jogap berdi.
Ýolbaşçy üçin sapak göze görnüp dur. Özi üçin Hudaý tarapyndan
bellenilen wezipäni eýeleýän adam, basdaşlary göripçilik edip
ýa-da dönüklige ýüz urup başlan wagtlarynda, öz hereketlerini
aklajak bolup azara galmaly däldir. Munuň ýaly ýolbaşçy Gökdäki
Goragçynyň elinde howpsuzlykda bolýar. Onuň näderejede
goralýandygyna Hudaýyň Merýeme gazaply ýüzleneninden
düşünmek bolýar: „Siz näme üçin gulum Musanyň ýüzüne gelmäge
gorkmadyňyz?“ (Sanlar 12:8)
Musa ikinji gezekde Kora we onuň Musa bilen Haruna
göripçilik etmekde belli bolan dostlary tarapyndan oppozisiýa duş
gelýär. Kora bu ikisiniň ýokary ýolbaşçylygyň artykmaçlyklaryndan
peýdalanyp, özlerini tutuş halkdan ýokary tutýandyklaryny bilmek
isledi. Näme, beýlekiler (şol sanda Kora-da) az ukyplymyşmy ýa
az mynasypmyşmy?
Musa ýene-de, aýyplamalardan goranmak üçin hemmeleriň
öňünde özüni aklamaga başlamady. Jedele Hudaý goşuldy welin,
sud tamamlandy duruberdi. Şeýdip, Musa hemişekilerinden-de beýik
boldy, şol wagt halk Hudaýdan gorkmagy öwrenmegi dowam etdirdi.
Hudaý saýlajak ýolbaşçylaryny gorar. Ol olary sylar, gorar we
aklar. Ýolbaşçylara özleriniň hukugyny ýa-da wezipesini goramak
üçin alada galmak gerek däldir.
18 — NJI BAP
Ygtyýarlylygy
berme sungaty
Musa ähli ysraýyllaryň içinden başarjaň adamlary
saýlap, olary halka ýolbaşçy edip belledi. Olar halka
hemme wagt kazylyk etdiler. Olar çözmesi kyn dawalary
Musa getirdiler…
Çykyş 18:25, 26
B
aşgalaryň aýratyn häsiýetini ýa-da ukybynyň çäkliligini
görmeklik, şonda her kime özüniň gowy başarjak işini berme
ukyby ýolbaşçynyň häsiýetleriniň biri bolmalydyr. Iň üstünlikli
ýolbaşçy — bu başga adamlaryň üsti bilen hereket edip, iş etmegi
başarýan ýolbaşçydyr. Adamlary gowy tapawutlandyryp bilen
Duaýt L. Moodi başgalaryň edip biljek işlerini özi edenden, işe
müň adamy höweslendirenini gowy görýändigini aýdypdyr1. D.
Ýe. Houst: „Köp sanly işçileriň zehinine baha berip, soň olaryň
hersine işde häsiýetine we ukyplaryna laýyklykda kömek etme
ukyby — bu biziň missiýamyz ýaly missiýany dolandyrmak üçin
zerur bolan häsiýetdir“2.
Borçlary paýhaslylyk bilen paýlamaklyk ýolbaşçyny
kwadrat gazyga tegelek deşigi itip saljak bolmanyň peýdasyz
synanyşygyndan halas edýär.
1
2
Duaýt Laýman Moodi (1837–1899) ABŞ-nyň taryhyndaky iň tanymal
hoşhabarçylaryň biri hökmünde bellidir. Ol 1873–75-nji ýyllarda özüniň
Şotlandiýadaky we Angliýadaky ýygnaklardaky üstünlikli wagyzçylyk
işlerinden soň, bütindünýä ykrar edilmäni alýar. Ol Massaçusets ştatyndaky
Nortfilde, şeýle hem, Çikagoda okuw jaýlaryny esaslandyrdy (soňkusy onuň
hormatyna „Moodi Mukaddes Kitap Instituty“ diýlip atlandyryldy).
Phyllis Thompson, D. E. Hoste (London: China Inland Mission, n.d.). 56.
166
R uhy
ýolbaşçylyk
Belli bir iş üçin jogapkärçiligi, şeýle hem, iş bilen bilelikde onuň
ygtyýarlylygyny-da başga birine bermeklik öz ygtyýarlylygyndan
peýdalanmaga endik edinen adamlar tarapyndan mydama
höwes bilen kabul edilip durulmaýar. Ol jogapkärçiligi başgalar
bilen paýlaşanyna begenýär, emma dolandyryş jylawynyň
öz elinden sypmagyny islemeýär. Mundan başga-da, birnäçe
ýolbaşçylar zehinli agzalarynda howpuň bardygyny duýýarlar,
şonuň üçin olara ygtyýary höwessiz ynanýarlar. Munuň sebäbi
nähili bolanda-da, ygtyýary gol astyňdaka bermegi islemezlik
oňa adalatsyz daraldygy bolýar, şol sebäpdenem, munuň
gowy netijä eltjegi gümanadyr. Ýolbaşçynyň munuň ýaly
hereketini köplenç ynamsyzlyk etmek hökmünde düşündirip
bolar. Bu bolsa, gol astyňdakylaryň ýardamyna ýetmegiň
gowy usuly däldir. Mundan başga-da, adamlara ýolbaşçylyk
etmek öwredilýän adamyň ukybyny doly derejesinde ulanmaga
umyt edip bolmaz.
Ýolbaşçynyň gol astynda bolan adamyň öňde goýlan ýumşy öz
ýolbaşçysy ýaly, gowy ýerine ýetirmezligi mümkin, ýöne mydama
munuň ýaly bolup durmaýandygyny tejribe görkezýär. Eger
ýaş ýigide işde özüni görkezmäge mümkinçilik berilse, ol muny
hatda has gowy etmegi-de mümkin, sebäbi ýaşlar häzirki zaman
durmuşynda ünsi aňsat jemleýärler. Ýöne islendik ýagdaýda-da,
eger oňa wagtal — wagtal jogapkärçiligiň berlişi ýaly, tabşyrygy
ýerine ýetirmek üçin ygtyýarlylygam berlip durulmasa, ýaş
ýolbaşçy nädip tejribe toplap biler?
Ýolbaçşynyň öz ygtyýarlylygyny bermäge ukyply bolan
derejesi onuň üstünligini kesgitleýär. Bir adamyň borçlary
hiç haçanam, bir adamyň göterip biläýjek ýükünden artyk
bolup bilmez.
Tabşyryk bermegi öwrenmese ýolbaşçy özüni az ähmiýetli
işler bilen başagaý bolmaklyga duçar edýär. Bu bolsa, onuň
ünsüni wajyplykda ilkinji derejeli bolan işlerden sowup, oňa
artykmaç agram berýär. Onuň yzyndan barýanlar bolsa, öz
potensialyny ulanma mümkinçiligini almaýarlar. Käbir ýagdaýlarda
ýumşy ýekelikde ýerine ýetirmegi talap etmek bilen şahsy
şöhratparazlygyny köşeşdirýär.
Ygtyýarlylygy berme sungaty 167
Ýolbaşçy kimdir birine tabşyryk berende, öz saýlanlaryna
doly ynanýandygyny görkezmäge borçludyr. A. B. Simpson öz
esaslandyran okuw jaýlaryna ýolbaşçylyk etmek üçin galdyran
adamlaryna doly ynanyp, olara özleriniň şahsy ukyplaryny
ulanmaga rugsat berdi3. Еger olar şowsuzlyga uçrasa, Simpson
muny ýolbaşçy hökmündäki öz ýalňyşlygy hasaplapdyr, sebäbi şol
adamlary hut özi saýlapdy.
Ýolbaşça tabynlykda bolan adamlar özleriniň üstüne ýüklenilen
borçlara laýyklykda hereket edenlerinde, ediljek işiň üstünlik
getirjegine ýa-da şowsuz boljakdygyna garamazdan, ýolbaşçynyň
goldajakdygyna ynamly bolsalar, onda gowy işlärler. Hiç hili
düşünişmezlikler bolmaz ýaly, şol borçlar kagyz ýüzüne takyk
ýazylanda, şonuň ýaly ynamlylyk peýda bolýar. Öz wagtynda
özüniň pikirini düşnükli beýan etmegi başarmazlyk köp sanly
gussaly netijelere alyp bardy.
Bir gullukçy özüniň Jon R. Mott bilen eden gatnaşyklary hakda
şeýle diýýär:
Polşada geçirilen on ýylyň dowamynda onuň goldawyny
duýmaklyk meniň üçin iň uly ruhlanma bolupdy.
Hemmesinden-de, men onuň özüme ynanandygyna
guwanýaryn. Özümiň hereket ediji motiwlerimiň biri-de,
onuň goldawyna mynasyp bolmak we onuň tamasyny
ödemek bolandygy gürrüňsizdir4.
Bu düzgüniň gowy Mukaddes Kitap illýustrasiýalarynyň biri
bolup, Musanyň gaýyn atasy Ýitronyň taryhy gulluk edýär. Bu
Çykyş kitabynyň 18-nji babynda ýazylandyr.
Ysraýyl Müsürden çykanda, öňki gullaryň guramaçylyksyz
mähellesi bolup çykdy. 18-nji bapda suratlandyrylan wakalar bolan
wagtynda, täze milletiň emele gelmegi doly tizliginde gidip durdy.
Ýitro Musanyň aňrybaş agyr ýagdaýdadygyny gördi. Musa ertirden
3
4
A. E. Thompson, The Life of A. B. Simpson (Harrisburg, Pa.: Chris­tian
Publications, 1920), 208.
B. Matthews, John R. Mott (London: Hodder & Stoughton, 1909), 364.
168
R uhy
ýolbaşçylyk
agşama çenli, halkyň işleri bilen meşgullanmaly bolýardy. Мusa
bir adamda täze milletiň kanun çylaryjy, sud ediji we ýerine ýetiriji
ygtyýarlygy bolup durýardy. Halk onuň kararlaryny Hudaýyň islegi
hökmünde kabul edýärdi.
Ýitro üçin munuň ýaly dartgynly işe Musanyň uzak wagtlap
döz gelip bilmejekdigi düşnükli boldy, şonuň üçin hem, ol
borçlaryň bir bölegini başga adamlaryň üstlerine ýüklemegiň
gerekdigine iki sany ynandyryjy delil getirdi. Birinjiden, ol: „Sen
özüňi hem, adamlary hem kösäp, gynap ýörsüň. Bu iş seniň üçin
gaty agyr. Seniň ýeke özüň muny ýerine ýetirip bilmersiň“ (Çykyş
18:18) — diýdi. Musa eýýäm güýçden gaçypdy, onuň özüniň
hem fiziki, hem emosional mümkinçilikleriniň serhetlerinden
bireýýäm geçen bolmagam mümkindi. Ikinjiden, gaýyn atasy
meseleleri çözmekde ulanylýan usullaryň ýeterlik derejede
işewür däldigini, şonuň üçin hem, halkyň sabyrsyzlyk görkezip
başlaýandygyny görkezdi. Borçlary paýlamaklyk çözgütleri
tizleşdirip bilýärdi, halkam, parahatçylyk bilen öýli — öýüne
dargardy (Çykyş 18:23).
Soň Ýitro iki bölekden ybarat bolan plany teklip etdi. Musa
halka Hudaýyň kanunlaryny öwretmegi dowam etdirmelidi,
şeýle hem, kanun çykaryjylyk bilen meşgullanmalydy. Mundan
başga-da, aýratyn çylşyrymly bolan meseleler onuň çözgüdini
talap edip bilerdi. Ýöne işiň agramly bölegi zehinli, ynamdar
adamlara geçýärdi.
Ýitronyň maslahaty akyllydy, sebäbi eger Musa güýjünden
agyr gelýän işe döz gelmese, ol özüne garşy çendenaşa bitertipligi
goýardy: ýekeje-de öwredilen ýolbaşçy bolmazdy, hiç kim hiç zat
üçin jogap bermezdi. Öz wagtynda hereket edýän ýolbaşçynyň
ýerine geljek adamlary taýýarlamazlyk köp ýygnaklary we
missiýalary doly pytrama alyp bardy.
Мusa gaýyn atasynyň maslahatyna eýerdi, şeýdibem,
artykmaçlyklaryň birgidenini aldy. Indi ol iň wajyp meselelerde
ünsüni jemläp bilýärdi. Onuň töweregindäkileriň gizlin zehinleriniň
üsti açyldy. Musanyň kömekçilerine öwrülip bilen bu zehinli
adamlar, eger Musa hiç zat etmedik bolsa, onda onuň umumy
işi etmekdäki soýuzdaşlary bolardylar. Halkyň meseleleri tiz we
Ygtyýarlylygy berme sungaty 169
netijeli çözüldi. Mundan başga-da, Musa özi ölenden soň, halka
netijeli ýolbaşçylyk edilmeginiň düýbüni tutdy.
Ýitro gymmaty geçip gitmeýän prinsipi aýtmak bilen Musada
umyt döretdi: „Hudaýyň buýruşy ýaly, şeýle etseň, onda sen bu
işiň hötdesinden gelersiň“ (Çykyş 18:23). Ýitro maslahatyny
Hudaýyň ygtyýaryna daýanyp berdi. Öz gullukçylaryny özlerine
buýrulan ýumuşlaryň hötdesinden gelmäge ukyply etmek üçin
Hudaýyň Özi jogapkärçiligi Öz üstüne alýar. Birnäçe borçlary belli
bir adamlar gowy ýerine ýetirýärler, şonuň üçin hut şolara özlerine
laýyk gelýän işleri bermeklik hemmesinden-de dogrudyr. Ýöne
ikinji derejeli wajyplygy bolan işler gaty gowy ýerine ýetirilen
bolmasa-da, barybir, ygtyýarlylygy başgalara bermeklik iň paýhasly
çözgütdir. Belki, Musa kazy bellenilen ýetmiş adamdan-da, halky
gowy sud edip bilerdi, ýöne bu iş bilen ol ýekelikde meşgullanan
bolsa, onda onuň işi uzak dowam etmezdi.
Ýitronyň ruhy syzgyrlygy ýolbaşçylary saýlamak üçin öňe süren
talaplarynda ýüze çykýar: ukyply adamlar, sebäbi olaryň öňlerinde
aňsat bolmadyk ýol durdy, Hudaýdan gorkýan adamlar, sebäbi
Hudaýdan gorkmaklyk akyldarlygyň başlangyjydy, para almaýan
we açgözlüge gurşalmadyk dogry adamlar.
Öz ýerine ýetirip biljek borçlarymyzdan köp borjy öz üstümize
almaklyk uly ýalňyşlyk bolardy. Hyzmatyň kanun taýdan özümize
degişli böleginde köpräk zähmet çekmäge çalyşmakdan başga öwgä
mynasyp zat ýokdur. Eger öz mümkinçiliklerimiziň çäkliligine
düşünsek, dogry ederis. Bize borçlarymyzyň hemmesiniň mümkin
bolan netijelerini özümizden gowy göz öňüne getirip biljek öz
Ýitromyza gulak asmagymyz gerek. Eger tebigy kanunlaryň
garşysyna gitsek (aýdaly, adama diňe bir işlemegiň däl-de, dynç
almagyň hem gerekdigini unutsak), onda gowy däl netijelerden
gaça durup bilmeris. Eger adamlaryň ýalbarmalaryna ýan berip, öz
üstümize almalysyndan artyk borç alsak, onuň netijesi üçin diňe
özümiz jogap bereris.
Missioner ýolbaşçy zähmet çekýän ýurdundaky oturymly
ýaşaýjylar ruhy kämilligini görkezen badyna, ygtyýarlylygy
olara bermäge taýýar bolmalydyr. Soň missioner olaryň ýanynda
bolmaly, kömek bermäge taýýar bolmaly, ýöne mümkin boldugyça,
170
R uhy
ýolbaşçylyk
goşulmazlyga çalyşmalydyr. Ondan soň, missioneriň bir wagtlar
özüniň edişi ýaly, ruhy ýolbaşçy bolmagy öwrenmegi üçin olary
synaglaryň hem ýalňyşlyklaryň içinden geçirmelidir. Ygtyýarlylygy
şunuň ýaly usul bilen bermeklik iň wajyp ýumşy — başga ýurtda
ýaşaýan mesihileriň zehinleriniň üstüni açmagy, ösdürmegi we
ulanmagy — ýerine ýetirmäge kömek edýär. Irki etapda paýhasly
hüşgärlik wajypdyr, ýöne gatyşmaklyga iň soňky derejä barlanda
ýüz tutulmalydyr. Özüniň synlanylýandygyny duýmaklyk adamyň
öz güýjüne bolan ynamlylygyny doly ýok edip bilýändir.
U. Ýe. Sangsteri Angliýanyň metodistik ýygnagynyň ýanyndaky
Içki Missiýalar Bölümine general kätip edip bellänlerinde, ol
işleri tabynlygyndakylaryň arasynda paýlady, her kimiň borjuny
takyk kesgitledi, ygtyýarlylygy olaryň ellerine doly berdi. Ol
hiç haçan olara şeýle ynam edenine ökünmedi. Sangster hakda:
„Onuň ýolbaşçynyň roluna düşünmekdäki iň ajaýyp zat özüniň
ygtyýarlylygy başgalara bermegiň wajyplygynda we jikme —
jik usulda kömekçi saýlandygynda bolsa gerek. Ol bu sungaty
ussatlyk bilen erk etdi“ — diýdiler5.
Ullakan missionerçilik jemgyýetiniň ýolbaşçysy hakda gürrüň
berende, onuň işdeşleriniň biri: „Onuň ajaýyp ýolbaşçylyk
zehini tabynlygyndakylaryň işine hiç haçan goşulmaýandygynda
jemlenendi. Ol her kime öz işi bilen meşgullanmaga mümkinçilik
berýärdi“ — diýip belledi. Başga bir işdeşi: „Ol adamlaryň nämä
ukyplydyklaryny bilýärdi. Şonuň üçin ol özlerinde bar bolan
ukyplary iň gowy tärde ulanyp, şol işi etmeginiň aladasyny edýärdi
we diňe bir zat bolmalysy ýaly bolmadyk ýagdaýynda, olara
garaýardy“6— diýip ýazýar.
5
6
Paul E. Sangster, Doctor Sangster (London: Epworth, 1962), 88, 221.
Phyllis Thompson, Climbing on Track (London: China Inland Mis­
sion,
1954), 99.
19 — NJY BAP
Ýolbaşçylary çalyşmak
Meniň gulum Musa öldi. Indi Meniň ysraýyllara berýän
ýerime barmak üçin, seniň özüň hem tutuş halk Iordan
derýasyndan geçmäge taýýarlanyň… Musa bilen bolşum
ýaly, Men seniň bilen hem bile bolaryn. Ýeşuwa 1:2, 5
Ý
olbaşçynyň işiniň üstünliliginiň hakyky barlagy ol ýolbaşçy
hökmünde guramadan gidenden soň, guramanyň abadan
durmagy bolup durýandyr. Bu prinsip Gamaliýeliň sinedrona
beren maslahatynyň aňyrsynda durdy: „Indi, bu adamlardan el
çekiň, olary goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda özözünden ýok bolup gider. Eger Hudaýdan bolsa, onda siz bu
işiň öňüni alyp bilmersiňiz…“ (Resullaryň işleri 5:38, 39).
Hudaýyň ruhlandyrýan we ruhy prinsipleriň üstünde gurulýan
iş ýolbaşçylar çalşyrylanda-da galýandyr. Belki, munda, hatda,
utuşam gazanýandyr.
Käwagt biz tanymal ýolbaşçynyň ölümi Hudaýy gapyllyga
salýandyr ýa-da gyssagly hereket etmäge mejbur edýändir
diýip çaklamak bilen Onuň gudratygüýçlüligini peseldýäris.
Özümiziň tolgunma we biynjalyk duýýan bolsagam, Hudaýyň
ygtyýaryndaky zadyň aladasyny etmegimiz gerek däldir.
Mesihilik ýolbaşçylygy dünýewi ýolbaşçylykdan tapawutlanýar:
Hudaý ýolbaşçylary saýlap, olary Öz Patyşalygy üçin taýýarlaýar
(Мarkus 10:40). Hudaýyň başlan ýekeje işem, öz maksadyna
ýetýänçä, taşlanylmaz.
Веýik başlangyçlar köplenç esaslandyryjysynyň ölümi sebäpli,
krizis ýagdaýyna düşýär. Şunuň ýaly özgeriş pursatlarynyň
weýran edijilikli bolmagyna ýol bermeli däldir. Laýman Biçer
172
R uhy
ýolbaşçylyk
Amerikan Missionerçilik Uprawleniýesiniň birinji kätibi ölende,
özüniň çykgynsyz ýagdaýda bolanyny gürrüň berýär. Ondan
soň täze kätip gelip, işiniň hötdesinden şeýle üstünlikli gelýär
welin, ol ölende hem, Biçer ýene çykgynsyz ýagdaýa düşýär.
Ahyrsoňy, üçünji kätip hem, özüniň başarjaňlygyny görkezeninden
soň, Biçer kem — kemden wajyp işi ýerine ýetirmek üçin
Hudaýda ýeterlik serişdäniň bardygyna ynanyp başlaýar.
Biçeriň özi Hudaýyň ýanyna gidende, käbirleri onuň ýerini
tutmaga ukyply däldir diýip çakladylar. Ýöne Biçeriň işleriniň
hemmesi üçin Hudaý öz wagtynda täze ukyply adamlary tapdy1.
Hakykatdanam, her neneň zehinli hem bagyş edilen bolsada, Hudaýyň Patyşalygy üçin edýän işinde çalşyp bolmaýan
bolup bilmeýär.
Biz görmeýän bolsak-da, Hudaý mydama işleýär-de, ýolbaşçy
bolmaklyga saýlanlaryny taýýarlaýar. Özgerişlik pursady
gelende, Hudaý Özüniň bellän adamyny gerek ýerine goýýar.
Köplenç munuň ýaly çalyşma gurama üçin gabat gelmeýän bolup
görünýär, ýöne wagtyň geçmegi bilen Hudaýyň saýlany özüniň
ýaramlylygyny subut edýär.
Ýurtdan başga-da, Hudaýyň ysraýyl halkyna beren iň beýik
sylaglary Musa, Dawut ýa-da Işaýa ýaly adamlardy. Hudaýyň
berýän iň gowy zady — bu mydama-da, adamlardyr. Onuň
mesihilik ýygnagyny ýaýratmakda goşan iň uly goşandy adamlara
ýolbaşçylyk etmeklik öwredilen on iki adamdy.
Musanyň özlerini goýup gitmeli wagty gelende, ysraýyllaryň
gynanyşlaryny göz öňüne bir getirip görüň. Dört on ýyllygyň
dowamynda bütin halk ýüze çykan we ýolbaşçylykdaky meseleleri
çözmekde oňa ýüz tutupdy. Musa olara özleri babatdaky Hudaýyň
islegini öwredipdi. Hawa, onuň başlangyjynyň astynda ýene ýetmiş
ýaşuly işläpdi, ýöne başga Musa ýokdy. Bu zatlaryň bolmagy
bilen ýagdaý has-da ýitileşdi: Musa halkyň Kengana girmegine az
wagt galanda öldi. Hudaýyň ätiýaçlygynda ýene bir ýolbaşçynyň
1
Sunday School Times, 8 November 1913, 682. Laýman Biçer (1775–1863)
ABŞ-da ruhy dikeldişiň meşhur wagyzçylarynyň biri, Täze Angliýada ruhy
çopan wezipesini eýeledi we „Lane Seminary“ okuw jaýynyň prezidenti boldy.
Ýolbaşçylary çalyşmak 173
bardygyna ynanmak adamlara kyn düşdi. Ýöne Ýeşuwa halka
ýolbaşçylyk etmäge taýýardy, şonuň üçin Musanyň ölümi ony
öňdäki orna geçirdi.
Bütin adamzat taryhynyň dowamynda şuňa meňzeş ýagdaý
gaýtalanýar, her nesil şol bir sapagy özleşdirýär. Belli ýolbaşçyny,
aýratynam, hereketi esaslandyryjyny ýitirmeklik şübhe hem gorky
döredýär. Metodistler Jon Ueslisiz näme ederkäler? Halas ediş
Goşuny Wilýam Buttsyz näme etmeli? Ruhy çopan gidende, biziň
ýygnagymyza näme bolarka?
Gahrymançylyk ýoly hemişe gabra alyp barýandyr, ýöne soň,
täze gahryman çykýar. Hatda iň ajaýyp ýolbaşçam, ölümi ýa-da
başga bir sebäbe görä, hökman gidýär. Şonda ýitgi duýgusynyň
çuňlugy onuň işiniň masştabyna bagly bolýar. Ýöne birazrak
wagtyň geçmegi bilen wakalary analizlänimizde, betbagtçylyk
bolup görnen zadyň, aslyýetinde, umumy işe ägirt uly peýda
getirenini görmek bolýar.
Ýolbaşçynyň häsiýeti we ýeten derejesi onuň işi gutaranyndan
soň doly derejesinde ýüze çykýar. Ysraýyllar diňe Musa
ölenden soň, onuň beýikligine hakykatdan akyl ýetirdiler.
„Ölüm durmuş sapaklarynyň jemini jemlände, olara aýratyn
ähmiýet berýär“.
Şol bir wagtyň özünde-de, ýolbaşçynyň dünýäden ötmegi
Hudaýyň işi bilen deňeşdireniňde, onuň şahsyýetiniň ähmiýetini
birneme peseldýär. Onuň ýeten derejeleri her neneň bolsa-da,
hemmeleriň ýerine adam tapyp bolýar. Onuň gulluga goşan
goşandynyň derwaýys zerurlyk bolmagyny bes edýän wagty
hem gelýär. Hatda iň zehinli ýolbaşçynyňam kemçilikleri we
çäklenmeleri bolýar. Bu onuň ýerine işini dowam etdirmek üçin
başga adam gelende ýüze çykýar. Özünden öňki ýolbaşçydan
az meşhur hem abraýly bolan adamyň gelip, özüniň aýratyn
ukyplaryny peýdalanyp, işiň hilini gowulaşdyryp bilýän wagtlaram
az bolmaýar. Biz Ýeşuwa Kengan ýurduny basyp almaga Musa
garanda gowy taýýarlanandyr diýip çaklap bileris.
Güýçli hem abraýly ýolbaşçynyň gitmegi başgalaryň açylmagyna
we ösmegine mümkinçilik berýär. Jogapkärçilik ýüki birden
tabynlykda bolanyň egnine düşende, ol özünde ozal özüniňem,
174
R uhy
ýolbaşçylyk
töweregindäkileriňem pikir etmedik häsiýetlerini we ukyplaryny
görýär. Eger Musanyň ýöne bir harby ýolbaşçylarynyň biri bolup
galan bolsa, Ýeşuwa meşhur ýolbaşçy bolmazdy.
Ýolbaşçyny çalyşmaklygam, Hudaýa öňde goýlan maksatlara
ýetmäge serişde saýlama ukybynda Özüniň dürli taraply
häsiýetini görkezmäge mümkinçilik berýär. Ol haýsy işiň başyna
barsa-da, Onuň resurslary tükeniksizdir. Eger ajaýyp zehinleri
bolan adam zehinlerini Rebbiň ygtyýaryna bermese, Hudaý
utulmaýar. Ol pesräk ukyby bolany, ýöne Özüne doly wepaly
bolany ulanýar we Onuň ukyplarynyň üstüne Öz güýjünem goşýar.
Resul Pawlus Korintosdaky mesihilere ýüzlenende, şuny göz
öňünde tutdy:
Çünki, eý doganlar, çagyrylyşyňyza serediň. Adam ölçegi
boýunça köpiňiz akyldar, güýçli, asylzada däldiňiz. Ýöne Hudaý
akyldarlary utandyrmak üçin, dünýäniň akmak saýýanlaryny
saýlady. Hudaý güýçlüleri utandyrmak üçin, dünýäniň ejiz
saýýanlaryny saýlady. Hudaý ähmiýetli zatlary ýatyrmak
üçin, bu dünýäniň asylzada dällerini, äsgerilmeýänlerini we
ähmiýetsizlerini saýlady. Ol muny hiç bir adam Hudaýyň
huzurynda magtanmasyn diýip etdi.
(1 Коrintoslylar 1:26­–29).
Hudaýyň tebigy taýdan zehinli bolan adamlaryň
mümkinçiliklerini ulanmaga dyrjaşýany gürrüňsizdir, ýöne
olardan az sanlysy Pawlus ýaly, öz zehinlerini Rebbiň ygtyýaryna
çäksiz bermäge taýýar bolýarlar. Şonuň ýaly adamlar özleriniň
mümkinçiliklerine we akyldarlygyna däl-de, Hudaýa daýanmagy
öwrenseler, onda olaryň Hudaýa edýän gullugyndan, hakykatdan,
ägirt uly peýda bolar.
Simpson A. B. ömrüniň ahyrynda bir wajyp mejlise
gatnaşýar. Şonda Nýu — Ýorkdan bolan bir hormatly gullukçy
öz gylyklary boýunça Simpsona taý geljek we onuň ýolbaşçylyk
möhleti geçenden soň, onuň işini dowam etmäge ukyply boljak
ýekeje ýolbaşçyny hem tapmagyň mümkin däldigi barada öz pikirini
aýtdy. Gullukçy işiň dowam etmesi üçin ullakan fond döretmegi
Ýolbaşçylary çalyşmak 175
teklip etdi. Simpsonyň özi bu babatda hiç zat etmedi, hatda öz
pikirini-de aýtmady. Ol, eger öz başlangyjynyň esasynda Hudaýyň
Özi duran bolsa, onda ol işi hiç kimiň saklap bilmejekdigine, eger
Hudaýdan däl bolsa, onda bu işi dowam etmegiň manysynyň
ýokdugyna ynanýardy2.
Ömrüniň soňky aýlarynda, Soýuza ýolbaşçylyk etmegini bes
etdirenden soň, missionerçilik mätäçliklerine köp zekatlaryň
berilýändigi we daşary ýurt missiýalarynyň üstünlikleriniň ösýändigi
baradaky habary alanda, nähili begendi! Onuň ölüminden soňky
bir ýyl guramanyň taryhyndaky iň hasylly ýyl boldy. Simpsonyň
Soýuzyň ýolbaçysy hökmündäki işi üçin başga hiç zat mundan uly
öwgi bolup bilmezdi.
Diňe ýekeje Ýolbaşçy ýerine adamyň gelmegine mätäç
bolman, öz wezipesini ebedilik eýeleýär. Isanyň şägirtleri özleriniň
Mugallymlarynyň deregine adam tapmaga synanyşmadylaram.
Bu olaryň mydama biziň diri Çopanymyzyň we Rebbimiziň diri
barlygyny duýup ýörendiklerine şaýatlyk edýär. Käwagt ýygnak
Isanyň barlygyny aýdyň duýmasyny ýitirdi, ýöne ýygnak hiç
haçanam, dowla düşmedi, öz generalyny ýitiren goşun kimin
bolmady. Ýygnagyň duş gelen kynçylyklarynyň hemmesi, gören
görgüleriniň hemmesi Isanyň syzgyr ýüreginde agyry bolup seslendi.
Martin Lýuter: „Biz özümiziň Rebbimize eger biz Onuň
ýygnagy bolsak, onda Onuň biziň aladamyzy etmelidigini, bizi
goldamalydygyny we goramalydygyny Oňa aýdyp boýun alyp
bileris, sebäbi biziň özümiz özümizi hiç haçan goldap ýa-da gorap
bilmeýäris. Eger şeýle edip bilýän bolsak, onda biz ýeriň ýüzündäki
iň tekepbir eşekler bolardyk“ — diýipdir.
Eger biziň Ýolbaşçymyz ebedi ýaşaýşyň kuwwatyndan
peýdalanyp, Öz işini edýän bolsa, eger Ol düýnem, bu günem,
ebedi-de Şol Ýolbaşçy bolýan bolsa, onda adam ýolbaşçylygynyň
düzümindäki üýtgeşmeler bizi aljyratmaly ýa-da başagaýlyga
salmaly däldir.
2
A. E. Thompson, The Life of A. B. Simpson (Harrisburg, Pa.: Christian
Publications, 1920), 208.
20 — NJI BAP
Ýolbaşçylary taýýarlamak
Birtopar şaýatlaryň ýanynda menden eşiden sözleriňi
beýlekilere-de öwredip biljek adamlara tabşyr 2 Timoteos 2:2
В
eýleki ýolbaşçylary taýýarlama jogapkärçiliginiň ýolbaşçynyň
üstüne düşýändigini Pawlus, ine, şeýdip belleýär. Durky bilen
Hudaýa wepaly bolan ýolbaşçy başgalara ýolbaşçylyk etmekde
üstünlik gazanyp biler ýaly, hatda öz mugallymyndan ozar ýaly
hem, özüni başgalara öwretmäge bagyş edýär. Barnabasyň ruhy
kämilligi, Pawlusda Barnabasyň özüniňkä seredende ýolbaşçylyk
zehini köpräk bolup çykanda, ýygnakda oňa baştutanlyk roluny
eýelemäge mümkinçilik berende, Pawlusa hiç hili göripçiliginiň
ýoklugynda ýüze çykdy. Pawlusy ýygnaga hut Barnabasyň
getirendigine we ýygnaga goldaw berýändigine garamazdan, bu
olaryň arasyndaky erbet duýgularyň sebäbi bolmady. Ýolbaşçy
öz ýolbaşçylygy astyndakylara özleriniň ukybyny we endiklerini
ösdürmäge mümkinçilik bermäge borçludyr.
Jon Mott ýolbaşçylar ýaş ýolbaşçylary okatmak, olara doly
hereket azatlygyny we olaryň mümkinçiliklerine gabat gelýän iş
meýdanyny bermek bilen özlerine meňzeşi taýýarlamany özleri
üpjün etmelidir diýip pikir edýär. Ýaş ýolbaşçylary üstünlikleri
üçin çyn ýürekden öwmek wajypdyr. Iň esasy zat hem, olara
ynanmakdyr. Eger siz ýolbaşçyny okatmak isleseňiz, onda
size ýalňyşlyklardan we hasapdaky ýalňyşlykdan gaçyp
gutulmak başartmaz.
Öňräk misssionerçilik gurultaýynda Aziýadan bolan bir ýolbaşçy
günbatarly missionerleriň rolunyň nähili bolmalydygy baradaky öz
pikirini aýtdy: „Bu gün Günortadaky missioner hemme zady özi
Ýolbaşçylary taýýarlamak 177
etmeli däl-de, başgalara-da öwretmäge ukyply bolmalydyr“. Bu
pikiriň hemme missionerler üçin hakyky bolmazlygy mümkin, ýöne
ol häzirki zaman missionerçilik işiniň iň beýik talaplarynyň birine
biziň ünsümizi çekýär.
Ýolbaşçylary taýýarlamak — aňsat iş däldir, ol ussat usuly talap
edýär. Akylly halypa öz ýolbaşçylygy astyndakylara öňünde goýan
maksatlaryny açyk mälim etmeýär. Ýepiskop Stiwen Nil bu ýolda
garaşýan howpy suratlandyrýar:
Еger haýsy hem bolsa bir ýurtda ýolbaşçylar neslini
terbiýelemegi öz öňümizde maksat edip goýsak, gowy bolan
ýagdaýynda, birahat, şöhratparaz we kanagatlanmazak
intelligentleri terbiýeläris. Adama özüniň ýolbaşçy bolmaklyga
çagyrylandygyny aýtmak ony ruhy taýdan ýykylma höküm
etmegi aňladýar, sebäbi mesihilik dünýäsinde şöhratparazlyk
beýleki günäleriň hemmesinden-de howpludyr, şonuň
üçin oňa özüni aldyrýanlar gullugynda üstünlik gazanýan
däldir. Bu gün ýaş ýygnaklar üçin jogapkärçiligi öz
üstüne almaga taýýar çagyrylan şol ýerli mesihilerde
akylly häsiýetleri däl-de, ruhy häsiýetleri ösdürmek
hemmesinden wajypdyr.
Lessli Nýubigin şeýle öte geçip, hatda ýygnagyň öz işinde
ýolbaşçylyk ýaly düşünjäni, umuman, goldamaly ýa däldigini
sorag astyna salýar, sebäbi mesihi däl dünýäde ýolbaşçylyga
düşünilişiniň heläk ediji täsirini duýmazdan ýolbaşçylyk düşünjesini
ulanmak aňry ýany bilen kyndyr. Ýygnaga „ýolbaşçylar“ dälde, mukaddesler hem gullukçylar gerek, şonuň üçin eger esasy
zadyň gullukdygyny ýatdan çykarsak, onda ýolbaşçylary okatma
ideýasynyň özi howply bolýar. Ýolbaşçylary taýýarlamaklyk
Isanyň Öz on iki şägirdi bilen meşgullanyp görkezen shemasy
boýunça geçmelidir 1.
1
Lesslie Newbigin, in International Review of Missions, April 1950. Lessli
Nýubigin Hindistanda kyrk ýyllap missioner bolup işläp, ondan soň dynç
alşa gitdi.
178
R uhy
ýolbaşçylyk
Häzirki zaman missionerleriniň meşgullanyp biläýjek iň uzakdan
görüjilikli we hasylly zähmeti — geljekki ýolbaşçylara özleriniň
ruhy potensialyny ösdürmekde kömek bermegidir. Munuň ýaly
wezipe oýlanyşykly planlaşdyrmany, tükeniksiz sabyrlylygy we
hakyky mesihilik söýgüsini talap edýär. Oňa ýeňleslik ýa-da
nädogry niýetler bilen başlamak bolmaýar. Rebbimiz Özüniň üç
ýyllyk gullugynyň aglaba bölegini şägirtleriniň häsiýetiniň we
pikirlenişiniň emele gelmegine bagyş etdi.
Resul Pawlus hem ýaş gullukçylar Timoteos bilen Titusy
taýýarlanda, şunuň ýaly alada etdi. Pawlusyň Timoteosy
Efesdäki ýygnak üçin taýýarlanda ulanan usuly biziň
üçin juda öwrenerliklidir.
Тimoteos Pawlus bilen tanşanynda, ýigrimi ýaşlaryndady. Ol
öz tebigaty boýunça ýumşak bolup, atlyrak bolan adamlaryň
täsirini juda kabul edegen bolupdyr. Ol garşy çykylmalary
gaty agyryly kabul edipdir we Hudaý bilen gündelik ýakyn
gatnaşygyň berip biljek ruhlanmasyndan öňki ruhy tejribä
köpräk daýanypdyr.
Ýöne Pawlus Timoteosa aýratyn umyt baglapdyr. Ol
ýumşaklygy polada çalşyp, Timoteosyň çekinjeň tebigatyny
düzetmegi karar edinipdir. Pawlusyň islegi boýunça Timoteos
öz häsiýetini berkiden ýagdaýlarda bolupdyr we kynçylyklary
çekipdir. Pawlus kynçylykda Timoteosyň şu wagtky ukybyndan
ýokary bolan tabşyryklary oňa ikirjiňlenmän beripdir.
Eger ýaş ýigit öz güýji ýeterden artyk gelýän işi etmäge
dyrjaşmasa, onda ol öz güýjüne we başarjaňlygyna başga nädip
ynamly bolup bilsin?2
Timoteos resul Pawlus bilen syýahat edende, özünde sagdyn
maksada okgunlylygy döreden meşhur adamlar bilen duşuşdy. Ol öz
halypasyndan, Pawlus üçin adaty zat bolan, agyr ýagdaýlarda özüni
batyrgaýlyk bilen alyp barmagy öwrendi. Pawlus wagyzçynyň işini
Timoteos bilen paýlaşdy. Pawlus oňa Selanikde imanlylaryň täze
toparyny döretmegi tabşyrdy. Pawlusyň Timoteosa talapkärlikli
2
H. C. Lees, St. Paul’s Friends (London: Religious Tract Society, 1917),
135–41.
Ýolbaşçylary taýýarlamak 179
garamagy, uly umytlary we berk talaplary Timoteosy durmuşda
we gullukda ortaçalykdan saplap, ondaky iň gowy häsiýetleriň
ösmegine kömek etdi.
Pol Riz birwagtlar kommunist bolan, emma soňy bilen
Mesihe gelen, bu zatlar hakda özüniň „Hudaýa wepalylyk we
ýolbaşçylygyň usullary“ atly kitabynda ýazan Duglas Haýdyň
duýgularyny suratlandyrýar:
Tutuş kitapdaky özüne çekiji wakalaryň biri — ol awtoryň
kommunist bolan wagtyna degişli — Duglas Haýdyň
ýanyna gelen we özünden ýolbaşçy taýýarlamaklaryny
isleýändigini aýdan ýaş ýigit hakda gürrüň berýär.
Haýd: „Men şonda ýolbaşça ondan az meňzeş bolan
adamy ozal hiç haçan görmändim diýip pikir edipdim.
Ol eginlerini gysyp duran semiz bolup, daşky sypatam
gelşiksizdi, ýüzi tegelekdi, alkymy sallanyp durdy we
örän içgysgynçdy… Onuň bir gözi çalaja çaşydy, özem
sakawlaýardy“ — diýip ýazýar.
Soň näme boldy? Ýigidiň ýagdaýyny umytsyz hasaplap,
ondan ýüz öwürmäniň deregine, Haýd oňa mümkinçilik
— öwrenme, işe wepalylygyny synanyşma, sakawlamadan
saplanma mümkinçiligini — berdi. Netijede, bu ýigit
Britaniýanyň kommunistik ruhda güýçli bolan arkadaşlar
guramalarynyň birinde ýolbaşçy boldy.3
Synçy ýolbaşçy hatda iň perspektiwasyz adamlarda-da gizlin
ukyplary görüp bilýär.
Frenk Bukman, „Ahlak taýdan täzeden ýaraglanma“ hereketini
esaslandyryjy, ýolbaşça zerur bolan häsiýetleriň köpüsine
eýe bolupdyr. Ol öz işini özünden-de gowy etmegi başgalara
öwretmedik bolsa, onda şowsuzlyga uçrajak ekendigini aýdýar.
Ol köp ýyllaryň dowamynda özüniň ornuny tutup bolmagyň
3
Paul S. Rees, „The Community Clue,“ Life of Faith, 26 September
1976, 3.
180
R uhy
ýolbaşçylyk
mümkinliginiň üstünde işläpdir: hereketi esaslandyryjylaryň
hemmesi bu ýoldan ýöremeýär4.
Missionerleriň meşgullanyp biläýjek iň peýdaly zady — bu
ýolbaşçylary taýýarlamakdyr, sebäbi missionerleriň esaslandyran
ýygnaklarynyň mundan beýläkki ulalmagy we ösüşi köp zatda
şol ýerde ýaşaýan mesihileriň ruhy kämilligine bagly bolýar.
Missionerçilik proýektindäki başlangyç etapdan geçilenden soň,
birinji ýere ýolbaşçylary taýýarlamaklyk çykmalydyr. Missioneriň
esasy wezipeleriniň biri-de, wagtyň geçmegi bilen ýygnaga
ýolbaşçylyk etmäge ukyply bolan, köp zady wada berýän ýaşlaryň
imanyny berkitmekdir.
Biziň ýolbaşçylary taýýarlama programmalarymyz aşa şablonly
bolmaz ýaly, biz birnäçe zehinli şahsyýetlere gulluga gatnaşmaga
päsgel bermez ýaly, belli ölçege gabat gelmeýän adatdan daşary
zehinli adamlar üçin mydama ýeterlik derejedäki azatlygy
bermegimiz zerurdyr. Hudaýda „standart däl“ zähmetkeşler bar.
Olaryň köpüsi bütindünýä hoşhabarçylyk işine ummasyz goşant
goşdular. Kim şablon boýunça, mysal üçin Ç. T. Staddyň şablony
boýunça, iş edip biler?* Şuňa meňzeş aýallary we erkekleri adaty
standartlar bilen ölçäp ýa-da umumy kabul edilen ölçeglere gabat
gelmäge mejbur edip bolmaýar.
*Çarlz Tomas Stadd (1860–1931) — Hytaýda, Hindistanda we
Merkezi Afrikada zähmet çeken iňlis missioneri. Özüniň Mesihe
bolan çäksiz wepalylygy bilen meşhurdyr. Şol wepalylygyň kömegi
4
R Howard, Frank Buchman (London: Heineman, 1961), 111. Frenk
Natan Deniel Bukman (1878–1961) — lýuteran gullukçysy, 1908-nji
ýylda Angliýa göçüp barýar, öz işinden göwnüçökgün bolýar. Ol ýerde
Bukman Kesuik hereketine duş gelýär, bu bolsa, köp zatda onuň garaýşyny
üýtgedýär. 1938 — nji ýylda ol „Ahlak taýdan täzeden ýaraglanma“ adyny
alan, töwerekdäkilere söýgini, arassalygy we päk ýürekliligi wagyz etme
maksady bolan hereketi esaslandyrdy. Bu hereket konserwatiw mesihiler
tarapyndan wagyz edilen ynsanperwerlik üçin tankyt edildi. Sanders öz
kitabynyň birinji neşirinde Bukmanyň esaslandyran hereketiniň „abraýyny“
goldamaýandygyny görkezdi.
Ýolbaşçylary taýýarlamak 181
bilen hem, ol Beýik Tabşyrygy yzyna garaman ýerine ýetirmek üçin
hemme zatdan ýüz öwürdi. — Terjimeçiniň belligi.
Şunuň ýaly missionerleriň biri-de, Ýakyn Gündogarda arasynda
işleýän musulmanlarynda aýrylmaz täsir galdyran Duglas
Torntondyr. Onda üýtgeşik ukyplar bolupdyr. Ol hatda ýaş ýigitkäde, özünden ýokarda duranlara aşa radikal we realistik däl ýaly
bolup görünse-de, öz pikirini aýtmakdan gorkmandyr. Onuň
terjimehalynda şeýle sözler bar:
Oňa Müsürde bolan işiň geçmişi, häzirki we geljegi baradaky
garaýyşlaryny beýan etjek doklady ýazma kararyna gelmegiň
kyn düşendigi geň zat däldir. Eger ýaş missionerler missionerçilik
meýdanynda bary — ýogy üç ýarym aýyny geçirse, olaryň
munuň ýaly hereketleri oňlanylmady. Bu ýagdaýa ençeler
nägilelik bildirdi. Ýöne Tornton üýtgeşik adamdy, şonuň üçin
wagtyň geçmegi bilen onuň garaýyşlarynyň, hatda duýgy
joşgunynyňam, ünsli öwrenilmäge mynasypdygy subut edildi.
Onuň nukdaýnazaryny äsgermezçilik etmeklik howpsuz däldi.
Ýaş ýigitleriň köpüsine öz synlan zatlaryny has kämil ýaşa
ýetýänçä, öz içinde saklamagy öwrense gowy bolar. Ýöne
adaty bolmadyk adam peýda bolanda, iki şerti ýerine ýetirmek
gerek: birinjiden, derejede özünden ýokary bolan adamlar
onuň pikiriniň gidişine seredip biler ýaly, ol adam öz pikirlerini
dogry beýan etmegi öwrenmelidir; ikinjiden, wezipede
ýokarda duran işdeşler belli bir biliminiň ýa-da tejribesiniň
ýoklugyna garamazdan, özleriniň täze, üýtgeşik ideýalarynyň
kömegi bilen köp zatda kömek edip biljek adamlardan sapak
almagy öwrenmelidirler. Sapagy özleşdirmek üçin taraplaryň
ikisindenem, az tagalla talap edilmeýär.5
Ýolbaşçylary taýýarlamaklygy köpçülikleýin geçirmeli däldir.
Ol sabyrly, takyk öwütleri, şeýle hem, ep-esli wagtyň dowamynda
5
W. H. T. Gairdner, Douglas M. Thornton (London: Hodder & Stoughton,
n.d.), 121
182
R uhy
ýolbaşçylyk
Hudaýa özbaşdak doga-dileg etme ýolbaşçylygyny talap eýdär.
„Hakyky şägirtleri uly partiýa edip taýýarlamaýarlar. Olary
bir — birden taýýarlamak gerek. Olar özünden ýaş bolanlary
terbiýelemek, öwüt bermek, we aň — bilim bermek, çykmak
hem öwretmek üçin kimdir biriniň bar güýjüni sarp etmegi
bilen ýüze çykýarlar“.
Adam, dogrudanam, ýolbaşçy roluna gaty gowy gabat gelende,
Hudaý netijeli gulluk üçin şol adamyň zerur dersi almagynyň
aladasyny edýär.
Hudaý adamy taýýarlamak islände,
Ony titremäge, öwrenmäge mejbur edýär,
Hudaý iň takwa roly oýnar ýaly,
Adam şekilini ýasamak islände,
Hudaý bütin ýüregi bilen teşne bolanda,
Şeýle beýik hem batyr adamy ýaradýar.
Muňa bütin dünýä haýran bolýar,
Onuň işleýşine, edýän zadyna ünsli serediň!
Ol patyşalarça saýlanyny,
Gör, ýadawsyz kämilleşdirýär.
Synaglardan geçirip, Ol nähili taýýarlaýar,
Güýçli urgy bilen oňa
Berk palçykda şekil berýär.
Ezilen ýürek horkuldanda,
Ýalbarmada eller göge galanda,
Oňa diňe Hudaý düşünýär!
Hudaý nähili epýär, ýöne hiç haçan döwülmeýär,
Öz saýlanlary bilen işleşende,
Saýlanyny nähili ulanýar.
Ony maksada görä eredýär
Her hereketde Öz beýikligine,
Bil baglama çagyrýar.
Hudaý edýän zadyny bilýär!
Awtory näbelli
21 — NJI BAP
Ýolbaşçylara garaşýan
howplar
Ýöne beýlekilere wagyz edenimden soň, özüm mahrum
galmaz ýaly…
1. Коrintoslylar 9:27
Ý
olbaşçylaryň öňünde durýan howplar adatça beýleki
gullukçylaryň ýolunda duran howpa garanda, göze az ilegen
bolýar. Ýolbaşçy ten höwesinden azat däldir, şeýle-de bolsa,
esasy howp ruhy ulgamda bolýar, sebäbi duşmanymyz şeýtan
ýeňiş gazanmak üçin adamyň islendik ejizliginden peýdalanma
mümkinçiligini hiç haçan gözden salmaýar.
Tekepbirlik
Adamy wezipede ýokarlandyranlarynda, ýygnak ýolbaşçylarynda
bolşy ýaly, ol tekepbirlik etmeklige töwekgelçilik edýär. Şu
ýagdaýda töwekgelçilik wezipäni her gezek ýokarlandyrma bilen
baglanyşykly bolýar. Eger muňa päsgel bermeseň, tekepbirlik
adama Hudaýyň Patyşalygyndaky mundan beýläkki karýerasynda
adama päsgel berýär, sebäbi „Ýüregi tekepbir adam Rebbe
ýigrenjidir“ (Süleýmanyň pähimleri 16:5). Bu sözler güýçden
doly bolup, adamyň kalbyna çuň aralaşýandyr! Şübhe bilen
şöhratparazlykdan — adamy öz durmuşynda Hudaýa diňe ikinji
derejeli orny berip, özüni tagtda, hemme zadyň merkezinde
goýmaga meýillendirýän günäden — başga hiç zadam, Hudaýy
beýle güýçli gaharlandyryp bilýän däldir. Hut şu günä sebäpli
hem, mesh edilen kebur zalym şeýtana, dowzah ogluna öwrüldi.
Tekepbirlik görnüşiniň köplügi bilen öwünip biler, hemmesinden
zalymy — ruhy tekepbirlikdir. Öz ruhy zehinleriňe ýa-
184
R uhy
ýolbaşçylyk
da ýolbaşçy derejäňe guwanmaklyk özümizde bar zatlaryň
hemmesiniň Hudaýdandygyny unutmaklygy aňladýar, şonuň
üçin biz nähili derejäni eýeleýän bolsak-da, biziň ornumyzy hut
Hudaý kesgitländir.
Tekepbirligiň pidasynyň özi özüniň günäsiniň bardygyna
beýlekileriň hemmesinden az şübhelenýär. Özüňiziň tekepbirlikden
ejir çekýän-çekmeýäniňizi siz aşaky soraglara jogap bermek bilen
bilip bilersiňiz:
Birinji bolmaga dyrjaşmany barlamak. Özüňiziň umyt
baglan ýa-da islän wezipäňize başga birini belleseler, siz
özüňizi nähili alyp barýarsyňyz? Eger öz ýeriňizi başga adam
eýelese, siz nähili duýgulary duýýarsyňyz? Eger başga
biriniň zehini özüňiziňkiden ähmiýetliräk bolup görünse,
özüňizi nähili alyp barýarsyňyz?
Hakykylygy barlamak. Öz — özümize açygyny aýdan
wagtymyzda, biziň her birimiz käbir ejizliklerimiziň we
kemçiliklerimiziň bardygyny özümiziň öňümizde boýun
alýandygymyz seýrek bolmaýar. Şol kemçilikleriňizi sizde başga
biri görende, özüňizi nähili duýýarsyňyz?
Tankyda bolan garaýşy barlamak. Öz adyňyza aýdylýan
tankydy bellikler sizi şobada ýigrenmeklige we özüňizi
aklama alyp barýarmy? Siz şobada özüňizi tankytlaýany
aýyplamaga çalyşýarsyňyzmy?
Еger öz öňüňizde dogruçyl bolsaňyz, onda durmuşyňyzy
Özüni kiçeldip, haça çykan Isa Mesihiň durmuşy
bilen deňeşdireniňizde, öz ýüregiňiziň doly derejede
biderekdigini, hatda ýigrenjidiginem duýarsyňyz-de, ah
çekmeden saklanyp bilmersiňiz:
Öwünmänem oňaryn men;
Tekepbirdim, kiçeldim hem:
Men diňe günäkär, şonuň üçin
Zordan merhemet arkaly halas boldum.
Jeýms M. Greý
Ýolbaşçylara garaşýan howplar 185
Egosentrizm
Tekepbirligiň, egosentrizmiň iň ýakymsyz peýda bolşunyň biri-de —
bu özüň hakda pikir etmekdir we gürlemekdir, ýeten derejeleriňiz
çişirmekdir we hemme zat üçin Hudaýa we beýleki mesihilere
minnetdarlyk bildirmegiň deregine, hemme zady özüňe degişli
etmekdir. Uzak wagtyň dowamynda köp sanly wepaly yzyna
eýerijileriň hormatyndan peýdalanan ýolbaşçy özüni söýýän adam
bolmaga töwekgelçilik edip, bu howpuň astynda bolýandyr.
Robert Lýuis Stiwenson Samoa adalaryna baranda, ol Malua
Institutynda ruhy çopançylyk programmasy boýunça okaýan
talyplaryň öňünde çykyş etmäge çagyrylýar. Onuň talyplar bilen
eden gürrüňdeşligi örtgi atynýan musulman pygamberi hakdaky
tymsala esaslandy. Bu meşhur pygamber hem mugallym ýüzüni
mydama örtgi bilen ýapyp ýörüpdir, sebäbi, özüniň aýtmagyna
görä, ýüzüniň nury aşa ýiti bolup, töweregindäkiler muňa
çydam edip bilmändir.
Ahyrsoňy örtgi könelip, ajaýyp günleriň birinde pygamberiň
egninden gaçypdyr. Şonda hemmeler bu gudratly pygamberiň
bary — ýogy öz betgelşikligini gizläp ýöremäge çalşan ejizjek
goja ekendigini görýärler. Muny gürrüň berenden soň, Stiwenson
netije çykaryp, pygamberiň wagyz edýän hakykatlary her neneň
beýik bolsa-da, ol öz kemçiliklerini nähili ussatlyk bilen gizlesede, onuň ýüzünden örtginiň düşjek güni geler, şonda hemmeler
onuň aslyýetinde nähili ekendigini görerler diýýär. Ýolbaşçy
egosentrizmiň gelşiksizligini görkezermi ýa-da Reb Mesihiň
özgeren şöhratyny görkezermi?
Özüňi aşa söýmeden ejir çekýän-çekmeýäniňizi öz ýanyňyzda
zähmet çekýänlere niýetlenilen öwgülere nähili garaýanyňyza
üns berip barlamak bolar. Öz bäsdeşiňizi öwüşlerini onuň ýeten
derejesini ýekeje-de peseltmäni islemän diňläp bilmeýärkäňiz, siz
özüňizde entek ýeterlik derejede egosentrik pikirleriň barlygyna
ynamly bolup bilersiňiz. Olardan sizi diňe Hudaýyň merhemeti
halas edip biler1.
1
Robert Louis Stevenson, in The Reaper, July 1942, 96.
186
R uhy
ýolbaşçylyk
Şübhelilik we gabanjaňlyk
Tekepbirligiň ýakyn garyndaşlary bolan gabanjaňlyk bilen
göripçilikden ejir çekýänler töweregindäkiler özüniň bäsdeşleridir
öýdüp, mydama şübhelenip ýörýär. Musa-da, özüniň wepaly
işdeşleriniň merhemeti bilen bu synaga duş geldi. Eldat
bilen Meýdat düşelgede pygamberlik edende, gaharlanan
Nunuň ogly Ýeşuwa: „Agam, Musa, olara gadagan et!“
(Çölde 11:28) — diýdi.
Emma Ysraýyl halkynyň serdary gepiň, dogrudanam,
nämededigini görende, öz saýlan gullukçylarynda bolýan zatlarda
Mukaddes Ruhuň hereketini tanady. Emma Musa oňa: „Sen meni
gabanýarsyňmy? Käşgä Rebbiň bütin halky pygamber bolsady we
Reb Öz Ruhuny olaryň baryna bersedi!“ diýip jogap berdi (Çölde
11:29). Göripçilik bilen gabanjaňlyk Musanyň ýüreginden kök
urup bilmedi. Hudaýyň başgalaryň üsti bilen eden işlerini basyp
ýatyrmak däl-de, goldamak gerekdi.
Meşhurlyk
Haýsy ýolbaşçy ýa-da wagyzçy öz ýolbaşçylygy astyndakylara
ýa-da ýygnaga gelýänlere ýaramak islemeýär? Özüňizi gaty bir
gowy görüp barmaýandyklaryny mertebe saýmak bolmaz, ýöne
meşhurlyk üçin käwagt aşa ýokary baha tölemeli bolýar. „Ähli
adamlar sizi taryplan mahaly waý halyňyza!“ (Luka 6:26) — diýip,
Isa şägirtlerine duýdurdy.
Meşhur ýolbaşçylaryň töwereginde şahsyýet kultunyň köpelýän
ýagdaýlary seýrek bolmaýar. Yzyna eýerijileri, düzgün bolşy ýaly,
ýolbaşçynyň položitel häsiýetleri guwandyrýar, şonuň üçin olar
onuň öňünde ýaranjaňlyk bilen baş egýärler. Şeýdibem, tizara şol
ýolbaşçy olaryň nazarynda ýönekeý ölümli adam bolmagyny bes
edýär. Iň erbedi-de, ýolbaşçynyň taýýarlanylan münbere çykyp, ähli
hormatlary höwes bilen kabul edýändigindedir.
Resul Pawlus şunuň ýaly ýagdaýa Korintosda duş geldi.
Korintosdaky mesihiler garşydaş lagere bölünip, hersi biri — biriniň
öňünde bir gullukçynyň adyny aýtdy: birine Apollos ýaraýardy,
Ýolbaşçylara garaşýan howplar 187
beýlekileri bolsa, Pawlus üçin söweşýärdiler. Resul munuň ýaly
hereketleriň nähili howpludygyny görüp, haýal etmän, onuň soňuna
çykdy. Gullukçylaryň hiç birem, munuň ýaly hormata mynasyp
däl, hormatlaryň hemmesine diňe Hudaý mynasyp (1 Коrintoslylar
3:7). Еger Korintosdaky mesihiler özleriniň ruhy ýolbaşçylaryna
wepalylyk, göwnünden turma islegi bilen ýakynlaşan bolsalar, eger
olar bulara bolan wepalylygy duýan bolsalar, onda bu duýgularyň
we ymtylyşlaryň baryny Isanyň şahsyýetine gönükdirmelidir,
sebäbi muňa diňe Ol mynasypdyr.
Ruhy ýolbaşçylara „edýän işleriniň hatyrasyna çäksiz söýgi
bilen hormat goýuň“ (1 Selanikliler 5:13), ýöne bu hormat
ýaranjaňlyga we tagzym etmä öwrülmeli däldir. Ýolbaşçylar
adamlar diňe Isa ysnyşyk duýgusyny duýar ýaly etmelidirler.
Eger biriniň gullugy höweslendirilýän we töweregindäkileriň
öwgüsini alýan bolsa, munda hiç hili erbetlik ýokdur, ýöne
ýolbaşçy özüni but derejesine götermeklerine her hili ýol
bilen garşy bolmalydyr.
Stiwen Nil özüniň ylahy okuw jaýynyň talyplary üçin okan
leksiýasynda: „Meşhurlyk — bu akyla getirip boljak iň howply
ruhy ýagdaýdyr, sebäbi ol ruhy tekepbirlige gürrüňsiz getirip
bilýär, bu bolsa, adamlary ebedi lagnata duçar edýär. Hüşgär bolup,
meşhurlygy gözden sypdyrmaly däldir, sebäbi bu dünýä eglişik
edip, meşhurlyk üçin gaty ýokary tölegi ýygy — ýygydan tölemeli
bolýarlar ahyry“2.
Çarlz Sperjen hem, öz gullugynda bütin ýüregi bilen meşhurlygyň
howpuny duýupdyr:
Üstünlik adamy töweregindäkiler tarapyndan basyşa duçar
edýär, şonda dünýädäki usullary hem tärleri ulanyp, ýeten
derejäňe ýapyşma synagy bilen göreşmeli bolýarsyň; adamy
diktatorlyk gylyklar we dyngysyz karýera ösüşine dyrjaşma
doly ýeňip biler. Üstünlik meniň başymy aýlap bilýär, ýöne
men şol wagtam, işi hut Hudaýyň edýändigini, Onuň kimdir
biriniň kömegini alman, şeýle etmegi dowam etdirjekdigini,
2
Stephen Neill, in The Record, 28 March 1947, 161.
188
R uhy
ýolbaşçylyk
eger birden meniň wezipämi peseltmek islese, Onda başga
serişdeleriň we güýçleriň tapyljagyny ýatdan çykarmaýaryn3.
Jorj Uaýtfild adatdan daşary meşhur adam bolupdyr we
gullugynyň başynda-da, hemmeleriň hormatyndan peýdalanypdyr.
Ol özi üçin ýigrenjiň ölüme meňzeş bolanyny, gülki obýekti
bolmanyň bolsa, ondan hem erbetdigini ýatlaýar. Şeýle-de
bolsa, wagtyň geçmegi bilen onuň gullugy ösmegini dowam
edip, karýeradaky ösüşem, uzak garaşmaga mejbur etmände,
Uaýtfild özüne üns berilmeginden ýadady. „Men meşhurlykdan
bokurdagyma gelýänçä doýdum, ondan ýaňa özümi erbet
duýýaryn“ — diýip, ol aýtdy.
Günäsizlik
Adamyň ruhulygy öz — özünden onuň pikirleriniň mydama dogry
hem günäsiz boljakdygyna kepil bolup durmaýar. Mukaddes
Ruhdan doly bolan adam dünýewi adama garanda, ýalňyşlygy
az goýberýär we nädogry pikirleri az aýdýar. Ýöne ruhy ösüşiň
haýsy etapynda duran bolsagam, biziň hiç haýsymyzam kämil
däldiris. Hatda resullaram ýalňyşdylar, olaryň ýalňyşyny düzetmäge
Hudaýyň goşulmagy talap edilipdi.
Öz ömrüniň esli bölegini Hudaýy tanamaklyga, doga etmeklige,
ýygnagyň täzeden döremegi we täzelenmegi üçin güýçli zähmet
çekmeklige bagyş eden ruhy ýolbaşçylar özleriniňem ýalňyşmaga
ukyplydyklaryny, belki, gaty kynlyk bilen boýun alarlar. Ýolbaşçynyň
güýçli hem aýgytly, öz garaýyşlaryny gorap bilýän adam bolmagy
gürrüňsizdir. Emma öz ýalňyşyňy boýun almaga taýýarlyk we deň
— duşlarynyň maslahatyny almaklyk adamyň töweregindäkilere
edýän täsirini peseltmeýär-de, gaýtam, ýokarlandyrýar. Özüniň
günäsizligine ynamly bolan ýolbaşça öz yzyna eýerijileri ynanmagy
bes etdirerler. Munuň size täsin bolup görünmegem mümkin, ýöne
durmuşyň belli bir ulgamynda öz günäsizligiňe akyl ýetirmeklik
beýleki ulgamlardaky çuň kaýyllyk bilen köplenç utgaşýar.
3
Helmut Thielecke, Encounter with Spurgeon (Philadelphia: Fortress, 1963).
Ýolbaşçylara garaşýan howplar 189
Çalşyp bolmazaklyk
Abraýly mesihileriň köpüsi bu synagyň pidasy boldular. Mesihiler
bu babatda aýratyn ejiz ýaly bolup görünýärler. Olar ygtyýary
ýaşlara bireýýäm bermeli bolan bolsalar-da, ony özleriniň ellerinde
saklamaga çalyşýarlar. Awtor togsan ýaşdan geçen, ýöne entegem,
öz ýygnagyndaky ýekşenbe mekdebiniň müdiri wezipesini eýeleýän
ajaýyp bir mesihi bilen duşuşýar. Ýygnaga gelýänleriň arasynda
bu gullugy ele almaga taýýar bolan ýaşlar ýeterlikdi, ýöne bu
dogry adamyň ýanyna gelip, oňa bu wezipäni goýmagy teklip
etmäge hiç kimiň batyrlygy ýetmeýärdi. Munuň ýaly hereketiň
gussaly netijeleriniň biri-de, belli bir gulluk bilen meşgullanmaga
ukyby hem gaýraty bolan ýaşlara hereket azatlygy berilmän, olary
işsizlige duçar etmekdir.
Käwagt wepaly agzalar gowy niýet bilen hereket edip,
ýolbaşçyny özüni çalşyp bolmazak duýmaga meýillendirýärler.
Bu ýolbaşçyda özüni söýüjiligi döredýär, şeýdibem, ol gitdigiçe,
dogrudanam, öz borçlarynyň hötdesinden nähili gelýändigine
obýektiw taýdan baha bermäge az ukyply bolýar. Mundan başgada, ýaşymyz ulaldygyça, biz meşgullanýan zadymyza obýektiw
garaýşy ýitirýäris.
Öz ýygnagyny özüniň ýerini hiç kimiň eýeläp bilmejekdigine
bolan ynamda terbiýelän missioner ýygnaga peýdasyz hyzmatyny
etdi. Öz zähmetiniň ilkinji günlerinden başlap, missioner
haçan hem bolsa bir wagt zähmet çekýän ýerinden gitmeli
boljakdygynyň hasabyny çykarmalydyr. Ýerli ýygnaga gelýänleriň
arasyndan çykan ýolbaşçy Rebbe bil baglamagy, özleriniň ruhy
ýolbaşçysyny taýýarlamagy we gulluk üçin jogapkärçiligi öz üstüne
almagy öwrenmelidirler.
Uçuşlar we düşüşler
Hudaý üçin edilýän islendik iş gaýgysyz günsüz we şatlylky günsüz
geçmeýär. Agyr wagtlarda ýolbaşçy ruhdan juda düşme ýa-da
hemme zat gaty gowy gidende, aşa höweslenme howpunyň içinde
bolýar. Bu ýerde deňagramlylygy tapaýmak o diýen bir aňsat däldir.
190
R uhy
ýolbaşçylyk
Ýetmiş şägirt özleriniň hemme zady edip bilendiklerinden
göwnühoş bolup dolanyp gelenlerinde, Isa olaryň ruhubelentligini
birneme köşeşdirdi: „Ýöne ruhlaryň size boýun bolmagyna däl-de,
atlaryňyzyň Gökde ýazylmagyna begeniň“ (Luka 10:20).
Karmil dagynda bolup geçen zatlardan soň,Ylýas pygamber
şeýle bir gussa çekdi welin, hatda ölmegi-de isledi. Reb Ylýasyň
düýpli ukusyny almazyndan öň gowuja iýip — içmegini iki
gezek tutanýerlilik bilen talap edip, ony özüne bolan
nebsagyryjylykdan juda prozaik usul bilen saplady. Diňe şondan
soň, Ylýasyň mundan soňky durmuşyny üýtgeden ruhy sapaklar
başlandy. Onuň eziji ýagdaýy esassyzdy: Bagala sežde etmedik
ýene ýedi müň ysraýylly bardy. Ylýas gaçyp gitmek bilen şol
adamlaryň hemmesini özleriniň aňryýany bilen mätäç bolan
ýolbaşçysyz galdyrypdy.
Нudaýyň işine degişli dyrjaşmalarymyzyň hemmesini durmuşa
ornaşdyrmak başardyp durmaýar. Biziň ynanýan adamlarymyz,
tamamyzy ödemeýär; jikme — jik işlenilip düzülen planlar
yhlassyzlygyň ýa-da fiziki ýarawsyzlygyň pidasy bolup, amala
aşmaýar; ýolbaşçynyň edýän pidalaryna egoistik hereket hökmünde
düşünýärler. Her hili ýagdaý bolýar, ýöne ýolbaşçy näme üçin ähli
işleriň beýle barýanynyň sebäbini bilmelidir we ony bolmalysy ýaly,
aradan aýyrmalydyr.
F. B. Meýer bütin ömrüne optimistligine galdy, hiç haçan
umydyny ýitirmedi, mydama güýçden, ýagşylygyň ýamanlygy
ýeňjekdigine bolan ynamdan doly boldy. Ýöne ol hakda „wagtal
— wagtal durmuşa bolan göwniçökgin garaýyşlar özüni ýeňmez
ýaly, … juda syzgyr hem oýlanyşykly adam bolandygyny, käwagt
onuň adamçylyk sustupesliginiň iň çuňluklaryna baryp ýetendigini,
onuň durmuşyň garaňky taraplaryny gaty gowy bilendigini we kä
halatlarda gussaly hem göwniçökgin pikirli bolmaz ýaly, olara juda
köp duş gelendigini“ aýdýarlar4.
Sustupesligiň ýene bir görnüşini Çarlz Sperjen özüniň
„Wagyzçynyň ruhdan düşme ysytmasy“ atly leksiýasynda
suratlandyrýar:
4
W. Y. Fullerton, F. B. Meyer (London: Marshall, Morgan & Scott, n.d.), 172.
Ýolbaşçylara garaşýan howplar 191
Ruhy üstünlige ýetmegiň öň ýanynda bizi adatça umytsyzlyk
gurşap alýar… muny Londonda ilkinji gezek ruhy çopan
bolanymda, özüm başdan geçirip gördüm. Üstünligim
mende gaty güýçli gorky döretdi. Şeýdip, özüme garaşýan
iş meni şatlandyrmagyň deregine, meni çuň sustupeslige
batyrdy. Şol sustupesligiň aňyrsynda özümiň ejizligim
görnüp durdy, şol sebäpdenem, gögüň şöhratyna orun
ýokdy. Şunuň ýaly mukdardaky adamy yzym bilen alyp
gider ýaly, men kimdim? Men özümiň obama dolanmak
ýa-da Amerika gidip, ol ýerde öz gullugyma laýyk gelýän
nähilidir bir ýeke duran burçjagaz tapynmak isledim. Hut
şol wagt meniň durmuş ýolumy gizläp duran tuty açylyp
başlandy welin, men onuň aňyrsynda näme barka diýip
gorkdum. Men öz imanym gowşandyr öýdemok, ýöne men
gorkdum, özümiň mynasyp däldigim duýgusy-da, kalbymy
doldurdy… her gezek Hudaý özüme öz gullugymda has uly
üstünlik berip bereketlände, şunuň ýaly sustupeslik meni
gurşap alýar5.
Hemme zadyň gaty gowy gidýän wagtlaram bolýar. Öňde
goýlan maksatlara ýetilýär, planlar şöhrat bilen ýerine ýetýär,
Ruh hereket edýär, janlar halas bolýarlar, mukaddesler ak pata
alýarlar. Şunuň ýaly döwürleri başdan geçireninde, Robert
Murreý MakÇeýni mydama Hudaýyň öňünde dyza çöküp,
simwoliki üstünlik täjini Rebbiň başyna geýdiripdir, sebäbi
bu täç kanun boýunça diňe Hudaýyňkydy. Ýola goýlan şeýle
tertip ony diňe Hudaýa degişli bolan şöhraty özüne degişli
etmekden saklapdyr.
Samýuel Çedwik: „Eger üstünlik gazanan bolsaň, onda
öwünme; eger ýeňlen bolsaň, onda hüňürdeme“ — diýip, gaty
dogry belläpdir6.
5
6
Quoted in Thielecke, Encounter, 219.
N. G. Dunning, Samuel Chadwick (London: Hodder &. Stoughton,
1934), 206.
192
R uhy
ýolbaşçylyk
Pygambermi ýa-da ýolbaşçy?
Käwagt biz iki ýoluň kesişýän ýerinde durýarys. Şonda
ýollaryň ikisem gowy hem dogry ýaly bolup görünýär. Mysal üçin
adamlara ýolbaşçylyk etme ukyby bolan wagyzçy özüniň
meşhur ýolbaşçy bolmalydygyny ýa-da ortaça wagyzçy bolup
galmalydygyny çözmäge mejbur bolýar. E. K. Dikson şunuň ýaly
saýlaw etmä duş gelýär:
Her bir wagyzçy ilkinji nobatda Hudaýyň pygamberi bolup,
özüne Rebbiň aýtmagy buýruk beren zatlaryny, netijeleri
hakda pikir etmän, aýtmalydyr. Wagyzçy öz ýygnagynda
ýa-da denominasiýasynda ýolbaşçy derejäni eýeländigine
düşüneninde, ol öz gullugynda öwrülişige baryp ýetýär. Indi
oňa ýollaryň birini saýlamak gerek: Hudaýyň pygamberi
bolmaly ýa-da adamlaryň öňbaşçysy. Eger ol hem pygamber,
hem ýolbaşçy bolmak islese, onda bu işleriň ikisinde-de
ýeňlişe sezewar bolar. Eger ol diňe özüniň ýolbaşçylyk
karýerasyna päsgel bermejek derejede pygamber
bolma kararyna gelse, diplomat bolar, ýöne pygamber
bolmagyny düýbünden bes eder. Eger ol islendik baha bilen
ýolbaşçylyk derejesini saklamaga dyrjaşsa, onda wezipesini
eýelemek we saklamak üçin gizlin baglanyşyklaryň
ýüpüni çekişdirýän syýasatçy bilen deň derejede bolmaga
töwekgelçilik edýär7.
Dikson ýolbaşçy bilen pygamberiň arasyndaky tapawudy birneme
ulaldýar; hakykatynda bu rollar kä ýerlerde gabat gelýär. Şeýlede bolsa, gullukçynyň ruhy gulluk bilen ýolbaşçylyk wezipesiniň,
ýagny özüni ýeterlik derejede bu gulluga bagyş etmäge päsgel
berýän wezipäniň, birini saýlamaly boljak ýagdaýlaram ýüze çykyp
biler. Esasy kynçylyk şunda hem jemlenýändir.
7
C. A. Dixon, A C. Dixon (New York, Putnam, 1931), 277. Emzi Klarens
Dikson (1854–1925) Moodi adyndaky Ýygnakda we Londondaky Metropoliten
ýygnagynda ruhy çopançylyk gullugyny alyp bardy.
Ýolbaşçylara garaşýan howplar 193
Hudaýyň erki bilen ömrüne adamzadyň ýarysy üçin täzeden
dogluşyň habarçysy bolan Ruben A. Torri hem, saýlaw etmäge
mejbur boldy. Dikson şeýle ýazýar:
Torrini diňlän müňlerçe adamlar onuň nähili adamdygyny
bilýärler. Ol Mukaddes Ýazga bolan söýgüden püre — pürdür.
Ol Ýazgynyň Hudaýyň Sözi hökmünde hakykatdygyna hem
ynanýar, şol sebäpden-de, ony bar gaýraty hem gyzgyn
garaýşy bilen wagyz edýär. Ol hiç haçan eglişik etmeýär.
Ol ýöne bir adamlaryň ýolbaşçysy bolandan, Hudaýyň
pygamberi bolma kararyna gelip, öz ýoluny saýlady.
Onuň Hudaýyň ýerdäki Patyşalygyndaky täsiriniň syry hem
şunda jemlenendir8.
Ýaramsyzlyk
Missioner hem ýolbaşçy hökmündäki özüniň üstünligine
garamazdan, resul Pawlus hiç haçan sagdyn hem hüşgär seresap
bolmadan daşlaşmady. Ol başgalara wagyz edip ýörşüne özüniň
mynasyp däl bolup çykmagynyň mümkindigini mydama ýadynda
saklady (1 Коrintoslylar 9:27). Munuň ýaly mümkinçilik onuň üçin
öz ýeten üstünliginden göwnühoş bolmadan we kanagatlanmadan
mydama seresap bolup ýörme mümkinçiligi bolupdyr. Bu ruhy
jogapkärçilige eýe bolanlaryň hemmesi üçinem, edil şonuň ýaly
seresaplylyk bolmalydyr.
27-nji aýatda „mahrum galmak“ (beýleki terjimelerde „inkär
edilen“, „ýaramsyz“) diýlip terjime edilen grek sözi teňňe ýasamak
8
Ibid., 158. Ruben Arçer Torri (1856–1928) — kongregasion ýygnagyň
gullukçysy, Moodi (şol wagtlarda Çikagonyň Hoşhabarçylyk Jemgyýeti
adyny göteren) Mukaddes Kitap Institutynyň ilkinji direktory wezipesini
eýeledi. Torri Ýewropadaky, Aziýadaky we günorta ýurtlaryndaky
hoşhabarçylyk kampaniýalaryna ýolbaşçylyk etdi. Soňrak ol Los — Anjelesiň
Mukaddes Kitap Institutynyň (häzirki Biola Uniwersitetiniň) prezidenti we
Los — Anjelesiň merkezindäki Açyk Gapylar Ýygnagynyň ruhy çopany
wezipelerini eýeledi.
194
R uhy
ýolbaşçylyk
üçin ýaramsyz bolan metallary aňlatmak üçin ulanylypdyr. Bu
metallar synagdan geçmedi: arassalama prosesi olaryň bildirilýän
talaplara gabat gelmeýändigini görkezdi. Bu ýerde Pawlus ýaryşyň
düzgünleriniň ýerine ýetirilmändigi sebäpli, islenilen baýragyň
ýitirilmegini görkezýär.
Resul Pawlusyň ulanan metaforasy ony iki dürli rolda görkezýär.
Pawlus hem ýaryşa gatnaşyjy, hem ýaryş başlanmazyndan öň
ylgawçylara düzgünleri düşündirýän we pellehana çyzygynda öz
ýerine haçan barmalydygyny görkezýän jarçy hökmünde çykyş
edýär. Pawlus özi (başgalara wagyz edip) jarçynyň rolunda çykyş
edenden soň, öz yglan eden düzgünlerini ýerine ýetirmek özüne
başartmaz, wagyz eden standartlaryna gabat gelmez öýdüp
howatyrlanypdyr. Şonuň ýaly bolsa, onuň jarçylyk roly özüniň
şahsy günäsini has-da agyrlaşdyryp, özüni masgaraçylyga we
kemsidilmä duçar eder.
Pawlusyň gürrüňini edýän şowsuzlygy fiziki bedeniň ejizligine
degişlidir. Onuň aradan aýrylmagy gazaply özüňe tertibe salmany
talap edýär. Çarlz Hoj bedeniň „günäniň ýerleşýän ýeridigini we
günä organydygyny, tutuş günäli tebigatymyza (degişlidigini),
Pawlusyň diňe bir öz teniniň tebigatyny tabynlyga getirmäge dälde, eýsem, ýüreginiň ähli hapa meýillerini hem, tabyn etmäge
dyrjaşandygyny“ aýdýar9.
Resul Pawlus özi diňe bir ýalňyş taglymatlar ýa-da etiki kadalara
nädogry düşünýändigi sebäpli däl-de, eýsem, öz teniniň höwesleri
sebäpli, mynasyp däl bolup çykyp biler öýdýärdi. Pawlus ortaçalygy
saklap, öz bedeniniň işdäsine erk etmäge dyrjaşýardy: bir tarapdan
bu adamyň öz bedeniniň esasy mätäçliklerini äsgermezçilik edip,
özüne zeper ýetirýän terkidünýäligi däldi, başga bir tarapdan hem,
9
Çarlz Hoj (1797–1878). Awtor ondan alan salgylanmalarynyň çeşmesini
görkesmän ulanypdyr. Ol Prinston Seminariýasynda professor bolup işleýär.
Taglymatlar meselesi boýunça konserwatiw preswiterian pozisiýasyny eýeläp,
ol hem, Mukaddes Kitapda gul eýeçiligine rugsat edilýändigine, diňe gullara
gazaply daramanyň ýazgarylýandygyna ynanypdyr. Munuň ýaly nukdaýnazary
karýerasynyň gülläp ösen wagtynda, professoryň bu mesele boýunça gazaply
jedellere çekilmegine sebäp boldy.
Ýolbaşçylara garaşýan howplar 195
berhize perwaýsyz garaýşy bilen semreýänleriň edişleri ýaly, öz
isleglerini başyna goýbermeýär. Pawlus öz teniniň isleglerine ýol
bermekçi bolmady, ol islegleri Pawlusa ýolbaşçylyk etmediler.
Resul öz bedeniniň isleglerine we talaplaryna erk etmegi nygtady.
A. S. Ueý 27-nji aýadyň birinji böleginiň manysyny öz sözleri bilen,
ine, nähili beýan edýär:. „Men özümiň haýwan tebigatymy boýun
egdirýärin-de, oňa hojaýyn däl-de, gul hökmünde garaýaryn“
22 — NJI BAP
Ýolbaşçy Nehemýa
Eý, Hudaýym, meni ýagşylykda ýatla! Nehemýa 13:31
N
ehemýa — Mukaddes Kitapdan tapyp bolaýjak ýolbaşçynyň iň
ruhlandyryjy mysalydyr. Käwagt onuň hereketleri bize aşa aýgytly
ýaly bolup görünýär, ýöne Hudaý onuň eden zatlarynyň hemmesini
adatdan daşary gysga wagtyň dowamynda tutuş halkyň ýaşaýyş
obrazyny gudrat bilen üýtgetmek üçin ulandy. Nehemýanyň
şahsyýetini we ulanan usullaryny ünsli öwrenmeklik şol usullaryň
diňe onuň şahsy häsiýetleriniň kömegi bilen şeýle täsir ýetiriji
bolandygyna düşündirýär.
Nehemýanyň şahsyýeti
Nehemýa hakdaky aç — açan berilýän gürrüňi okanda okyjy
derrew ony doga ediji adam hökmünde göz öňüne getirip başlaýar.
Nehemýa üçin doga etmeklik durmuşynyň we zähmetiniň bir
bölegi bolupdy. Ol Iýerusalime gaýdyp gelen ýewreýleriň agyr
ýagdaýy hakda eşideninde, ilkinji nobatda doga etdi. Nehemýa
öz durmuşynda merhemet tagtynyň öňünde seýrek dyza çökmedi
(Nehemýa 1:4, 6; 2:4; 4:4, 9; 5:19; 6:14; 13:14, 22, 29).
Nehemýa howpuň öňünde özüni batyrgaý alyp bardy: „Meniň
ýaly adam gaçarmy? Heý-de, meniň ýaly adam diri galmak üçin
ybadathanada gizlenermi?“ (Nehemýa 6:11). Şunuň ýaly aýgytly
batyrlyk juda gorka düşen adamda-da, umyt döretmäge ukyplydyr.
Onuň başgalaryň aladasyny päk ýürekden edýändigi şeýle göze
ilgiç bolany üçin ony hatda duşmanlary-da gördüler (Nehemýa
2:10). Ol öz aladasyny orazada, halk üçin doga etmekde we
Ýolbaşçy Nehemýa 197
gözýaşlarynda görkezdi (Nehemýa 1:4–6). „Guluň bolan Ysraýyl
halkynyň Saňa garşy eden günäsini boýun alyp, gije-gündiz Saňa
edýän dilegimi eşideriň ýaly, gulagyň eşitgir, gözüň ýiti bolsun.
Menem, atalarymam günä etdik“ (6-njy aýat).
Nehemýa özüni üýtgeşik uzakdan görüji ýolbaşçy hökmünde
görkezdi. Ol duşmanlaryň peýda boljagyny bildi, şol sebäpdenem,
patyşadan arkaýyn geçmäni we işi etmek üçin zerur bolan materiallar
bilen üpjün edýän haty almanyň aladasyny etdi (Nehemýa 2:8). Оl
hemme zady jikme — jik planlaşdyrdy.
Suratlandyrylan
wakalaryň
hemmesiniň
dowamynda,
Nehemýanyň batyrlygyna garamazdan, ony mydamalyk
seresaplylyk tapawutlandyrdy. Ol işlemeli ýerine gelen badyna,
kelle döwüp işläp başlabermedi-de, üç gününi ýagdaýlara baha
bermeklige sarp etdi (Nehemýa 2:11). Ol ahyrsoňy işe başlanda-da,
açyk press — konferensiýa geçirmän, hatda gijäniň içinde barlag
geçirende-de, öz niýetlerini çuň gizlinlikde saklady.
Nehemýa aýdyň kararlary kabul etmäge ukyplydy. Ol kyn
meseleleri soňa goýmaýardy-da, ýagdaýlary ýüregine ýakyn alyp,
öz pikirini çykarýardy. Nehemýa öz çözgütlerinde ýüz görmezekdi:
onuň aýratyn gowy görýän adamlary ýokdy. Tankyt etme zerurlygy
ýüze çykanda, ol özüni hökümet wekilleri bilenem, işçiler bilenem
birmeňzeş alyp barýardy (Nehemýa 5:7).
Nehemýa adatdan daşary syzgyr adamdy. Ol arzlary diňleýärdide, zerur düzedişleri girizýärdi (Nehemýa 4:10–14; 5:1–13).
Оl „derdini dökmäge“ rugsat berýärdi. Ol töweregindäkilere
duýgudaşlyk edýärdi.
Nehemýa zatlara hakyky taýdan seredýärdi: ol bu dünýäniň
nähili gurlandygyny göz öňüne gowy getirýärdi. „Onsoň biz öz
Hudaýymyza dileg etdik we olardan goranmak üçin, gije-gündiz
garawul goýduk“ (Nehemýa 4:9).
Jogapkärçiligi öz üstüne alanda, Nehemýa ýakymly hem
ýakymsyz borçlary ýerine ýetirende, öňde goýlan maksada
ýetilýänçä, aýgytlylykdan doly bolýardy.
Nehemýa gaýratly administratordy, sowukganly adatdan daşary
ýagdaýlar ministridi, edermen inisiatordy we karara batyrgaýlyk
bilen gelmäge ukyply bolan tutanýerli ýolbaşçydy. Haýbatlar
198
R uhy
ýolbaşçylyk
ony, onuň dönüklige bolan hüşgärligini yrandyryp bilmedi.
Nehemýa yzyna düşenleriň ynamyny doly gazanyp we saklap
bilen ýolbaşçy boldy.
Nehemýa nähili hereket etdi
Nehemýa öz işdeşleriniň söweşjeň ruhuhy galdyrmagy başardy.
Bu söýgüli ýolbaşçynyň işiniň az ähmiýetli bolmadyk bir bölegidir.
Ol olaryň ynamyny berkitdi, olaryň ünsüni „mümkin däl“ zatda
däl-de, Hudaýyň beýikliginde jemlemäge kömek etdi. Nehemýa
baradaky berlen gürrüňlerde: „Gögüň Hudaýy işimizi oňuna salar“
(Nehemýa 2:20); „Taňrymyzyň eçilýän şatlygy size güýç-kuwwat
berer“ (Nehemýa 8:10) — diýen ýaly ruhlandyryjy sözlere ýygy
— ýygydan duş gelýärsiň.
Ynam ynamy döredýändir. Göwniçökgünlik ynamy weýran
edýändir. Ruhy ýolbaşçynyň baş wezipesi — başgalaryň
ynamyny berkitmekdir.
Nehemýa ruhlandyryjy we höweslendiriji sözlerini gysganmady.
Ol Iýerusalime gelende, halk düýbünden guramaçylyksyzdy
we batyrlykdan mahrumdy. Ilki Nehemýa özüniň görnüş
alandygyny we Hudaýyň öňden görüjiliginiň özlerine ýardam
berjekdigini dabaraly yglan etmek bilen olarda umyt döretdi, soň
ol halkyň goldawyna daýandy: „Men olara Hudaýyň maňa nähili
kömek edendigini we patyşanyň maňa aýdan zatlaryny gürrüň
berdim. Onsoň olar: „Geliň, işe başlalyň!“ diýşip, bu oňat iş üçin
billerini berk guşadylar“ (Nehemýa 2:18).
Ýalňyşlyklary hem şowsuzlyklary düzetmek bolýar, ýöne
ýolbaşçynyň ulanýan usullary welin, hemme zady üýtgetmäge
ukyplydyr. Nehemýa adamlara ýetmeýän zady görkezip hem gowy
günleriň geljekdigini aýdyp, olarda umyt döredip bilýärdi. Şeýdip,
onuň imany we ajaýyp ruhy tertip — düzgüni özüne halkyň ynamyny
gazanmaga we abraýynyň ykrar edilmesine ýetmeklige kömek etdi.
Nehemýa derrew öz planynda gizlin ýetmezçilikleriň bardygyna
göz ýetirdi. Muny iki wakanyň mysalynda görmek bolýar.
Наlk sustupesdi we ýadawdy. Duşmanlar ýagdaýlary
agyrlaşdyrjak bolup, ellerinden gelenini edýärdiler (Nehemýa
Ýolbaşçy Nehemýa 199
4:10–18). Üýşürilen zibiller iş etmäge päsgel berýärdi. Ilki
bilen Nehemýa halkyň ünsüni Hudaýa çekdi, soň bolsa,
adamlary ýaraglandyryp, olary özleriniň strategiki pozisiýalary
boýunça paýlady. Ol bir organizm hökmünde maşgalanyň
artykmaçlyklaryndan peýdalanyp, her maşgala agzalarynyň
ýarysy garawulçylyk edende we dynç alanda, beýleki ýarysynyň
işlemegini tabşyrdy. Nehemýanyň aýgytly hereketleriň kömegi
bilen hakyky kynçylyklary çözendigi üçin halk ýene ýitirilen
batyrlygy ele aldy.
Ikinji wakada adamlar beýlekilerden gurplurak bolan
doganlaryny açgözlülikde şübhe astyna salyp başladylar (Nehemýa
5:1–15). Ýewreýleriň köpüsi girew goýlup berlen ýerlerde
ýaşaýardylar, käbirleri hatda günlerini dolandyrmak üçin özleriniň
çagalaryny gulçulyga satýardylar. „Emma biziň etjek alajymyz
ýok, sebäbi ekin ýerimizem, üzümçiligimizem başga adamlaryň
elinde“ (Nehemýa 5:5). Nähili çylşyrymly ýagdaý: garyp
ýewreýleriň çagalary abadançylyk tutanýerliligini gowşatmakçy
bolmaýan az sanly adamlaryň elinde bolan ýerindäki şeýle görnüşli
ykdysadyýetiň pidasy bolupdylar.
Nehemýa özüne adamlaryň beren gürrüňleriniň hemmesini
diňledi-de, olaryň görgülerine gatnaşdy. Ol ýokary gatlakdaky
adamlara rehimsiz süýthorluklary üçin käýedi-de (Nehemýa
5:7), olary adamlara hemme zatlaryny gaýtaryp bermäge
we bergilerini geçmäge çagyrdy (11-nji aýat). Onuň sözleri
şeýle ynandyryjy bolup ýaňlandy welin, gurply adamlaryň
jogaby az sözli boldy: „Biz edil seniň aýdyşyň ýaly
ederis“ (12-nji aýat).
Nehemýa adamlaryň durmuşynda Hudaýyň Sözüniň abraýyny
dikeltdi (Nehemýa 8:1–8). Şeýle etmedik bolsa, onuň amala
aşyran reformalarynyň oňuna boljagy gümanady, asla mümkinem
bolmazdy. Nehemýa ýewreýleriň Ýeşuwanyň döwründen bäri
bellemän gelýän Çatma — telär baýramyny täzeden dikeltdi.
Ol Mukaddes Ýazgyny okamak arkaly adamlary Hudaýyň
öňünde toba getirdi (Nehemýa 9:3–5). Оl ybadathanany
butparazlyk täsirinden arassalady (Nehemýa 13:4–9). Nehemýa
halky gazanjynyň ondan bir bölegini ybadathana bermäge çagyrdy,
200
R uhy
ýolbaşçylyk
sabat gününiň dynç almasyny dikeltdi, başga taýpanyňkylar
bilen nikalaşmagy gadagan etdi. Şeýdip, ol Hudaýyň saýlan
halky hökmünde Ysraýylyň özüniň kimligine düşünmesini
gaýtaryp berdi.
Nehemýa islendik çäräni gurnap, adamlary hyzmatdaşlyga
çagyryp bilýärdi. Ol jikme — jik plany işläp düzmezden öňürti,
ýagdaýy gowuja öwrenýärdi (Nehemýa 2:11–16). Ol bar
adamlaryň mümkinçiliklerine ünsli baha berýärdi. Nehemýa özüne
çekiji bolmadyk kanselýariýa işlerindenem gaça durmaýardy.
Soň ol esasy wezipeleri kesgitläp, jogapkär ýolbaşçylara (imanly
hem takwa adamlara) tabşyryk berip, olary işlemäge goýberdi
(Nehemýa 7:1–3). Nehemýa öz başlangyçlary astynda zähmet
çekýän ýolbaşçylaryň hemmesine, olaryň atlaryny tutup we
hersiniň işleýän ýerini aýdyp, goýulmaly hormaty goýýar
(Nehemýa 3:1–32). Onuň ýolbaşçylygy astynda bolanlar özleriniň
äpet mehanizmiň içindäki nurbatjyk däldiklerine düşünipdirler.
Nehemýa borçlary paýhasly paýlady: „Onsoň men doganym Hanany
bilen galanyň serkerdesi Hananýany Iýerusalime häkim edip
belledim“* (Nehemýa 7:2). Nehemýa tabşyryk beren adamlarynyň
hemmesine beýik talaplary bildiripdir: mysal üçin, onuň Hananýany
saýlanynyň sebäbi, „ol beýlekilere garanda dogry hem Hudaýdan
gorkýan adamdy“. Bu zatlaryň hemmesi beýlekilerdäki ýolbaşçylyk
etme ukybyň üstüni açmaga, olarda bar bolan potensiallary
ulanmaga kömek etdi.
*Iňlis dilinden terjime (KJV). — Terjimeçiniň belligi
Nehemýa aç — açan gozgalaňa ýol bermezden, garşydaşlygy
garşy almaga taýýardy. Ol kemsidiji myjabatlara, duýdurmalara,
haýbatlara we haýynlyga çydady. Ol synaglaryň hemmesiniň içinde
başyny galdyryp, gözlerini uludan açyp we üznüksiz doga edip
geçdi (Nehemýa 4:9). Mümkin bolan ýerinde ol duşmanlaryna
ünsem bermedi. Ol her gezek seresaplyk çärelerini gördi (16-njy
aýat). Ol nägile adamlara we duşmanlaryna özüniň ünsüni esasy
işden sowmaga ýol bermedi. Ol Hudaýa bolan ynamyny mydama
saklady (20-nji aýt).
Ýolbaşçy Nehemýa 201
Ruhy ýolbaşçynyň işine baha bermek üçin onuň öňde goýlan
maksada ýeten-ýetmänine göz aýlamak gerek. Nehemýa beriljek baha
ikuçly däldir: „…diwar gurluşygy tamamlandy“ (Nehemýa 6:15).
Öwrenmek üçin soraglar
“R
uhy ýolbaşçylyk“ kitaby özüniň ýolbaşçylyk ukyplaryny
ösdürmek isleýänleriň her biri üçin peýdaly bolup biler. Ýöne bu
kitaby kiçi toparlarda, ýakyn dostlaryň bilen öwrenmeklik we ara
alyp maslahatlaşmaklyk has köp peýda berip biler. Bu gollanma kiçi
toparlardaky alty sapagyň dowamynda kitabyň esasy ideýalaryny
ara alyp maslahatlaşmak mümkin bolar ýaly hasap bilen işlenilip
düzüldi. Her sapak üç bölümden ybarat bolýar.
Sapagyň başy: Bu bölümde siz oturanlaryň hemmesini
çekeleşmä çekip biläýjek gündelik durmuşa degişli bolan soraglary
taparsyňyz. Eger siziň sapagyňyz bir sagat dowam etse, bu
soraglara bäş minutdan köp wagt sarp etmäň.
Оkalan zatlary ara alyp maslahatlaşma: bu ýerde üns
kitabyň üç ýa-da dört babynyň esasy mazmunyna, şeýle hem,
Mukaddes Kitabyň şuňa degişli bolan esasy parçalaryna berilýär.
Bu soraglar, düzgün bolşy ýaly, 40–45 minudy eýeleýär.
Ulanyş: bu bölüm sapaga gatnaşyjylaryň ünsüni takyk
hereketleri ara alyp maslahatlaşmaga çekmeklige, olara öwrenilen
zatlary öz durmuşynda nädip ulanmalydygyny teklip etmäge
bagyşlanandyr. Bu soraglara 10–15 minuda golaý wagt goýuň.
Goý, toparyň ähli agzalary zerur baplary okap, toparyň
ýygnanyşygynda paýlaşmak üçin özleriniň soraglaryny öňünden
taýýarlasynlar. Sapagy hökman doga etmek bilen başlaň we
tamamlaň.
204
R uhy
ýolbaşçylyk
Birinji sapak
1–3 — nji baplary okaň, soň toparda ara alyp maslahatlaşmak üçin
aşakdaky soraglara jogap taýýarlaň:
Sapagyň başy:
1. Haýsy hem bolsa bir ulgamda ýolbaşçy bolmaga çalşan
wagtyňyz hakda gürrüň beriň. Siz haýsy wezipä dyrjaşdyňyz?
Näme boldy?
Оkalan zatlary ara alyp maslahatlaşmak:
2. Näme üçin häzirki zaman mesihilerine resul Pawlusyň
ruhy ýolbaşçy bolmaga ymtylmanyň „hormata mynasyp
ymtylyşdygy“ barada aýdanlary bilen gürrüňsiz razy bolmak
kyn bolýar? (1-nji bap).
3. Näme üçin bu gün ruhy ýolbaşçylar ýetmezçilik edýär?
(2-nji bap).
Öwrenmek üçin soraglar 205
4. Eger ruhy ýolbaşçylary Hudaý belleýän bolsa, onda ýolbaşçylary
taýýarlamagyň roly nämede jemlenen? (2-nji bap).
5. Ýolbaşçynyň işewür dünýäde ýokary baha berilýän häsiýetini
ruhy ýolbaşçy üçin zerur bolan häsiýetler bilen nädip deňeşdirip
bolar? (Мarkus 10:41–45)
6. Siz ýaňy — ýakynda mesihi bolan üstünlikli telekeçä
„hyzmatkär ýolbaşçy“ düşünjesini nädip düşündirerdiňiz? (3nji bap).
7. Siziň ýygnagyňyz şu bapda ýazylanlara gabat gelýän ruhy
ýolbaşçylary özünde taýýarlasa, onda ol nähili özgererdi? (3nji bap).
206
R uhy
ýolbaşçylyk
8. Şu üç bapda okanlaryňyzdan haýsysy siziň üçin ruhy
ýolbaşçylyga degişli bolan has wajyp açyş boldy?
Ulanyş:
9. Size ýolbaşçylyk etmekdäki haýsy şöhratparaz ymtylyşlary
saklamak gerek?
10. Size öz bähbidiňi aramaýan gulluga ukyplylygy nirede
hemmesinden köpräk görkezmek gerek?
Öwrenmek üçin soraglar 207
Ikinji sapak
4–7-nji sapaklary okaň, soň toparda ara alyp maslahatlaşmak üçin
aşakdaky soraglara jogap taýýarlaň:
Sapagyň başy:
1. Töweregiňizdäkileriň pikirine görä, sizde ýolbaşçynyň haýsy
„dogabitdi“ häsiýeti bar?
Оkalan zatlary ara alyp maslahatlaşma:
2. Siziň pikiriňizçe näme ruhy ýolbaşçyny adaty ýolbaşçydan
tapawutlandyrýar? (4-nji bap).
3. Ýolbaşçylyk etmäge ukyply bolan adam ýolbaşçy bolandan soň,
nähili üýtgeýär? (4-nji bap)
208
R uhy
ýolbaşçylyk
4. Awtoryň getiren sanawyndaky haýsy soraglar sizi ýolbaşçy
bolmaňyzda beýlekilerden has köp biynjalyk edýär? (5-nji bap).
5. Siziň ýygnagyňyz haýsy hem bolsa bir adamyň ruhy ýolbaşçy
wezipesine ýaramlydygy ýa däldigi barada nähili karara gelýär?
Saýlaw usuly nähili bolýar? (6-njy bap).
6. Resul Pawlusyň ýolbaşçylar üçin beren maslahatlarynyň
haýsysy siz babatda ýerlikli? (6-njy bap).
7. Siz ýolbaşçylarda nähili kemçilikleri we ejizlikleri görýärsiňiz?
(7-nji bap).
Öwrenmek üçin soraglar 209
8. Tabyn ýürekli bolmak üçin Petrusyň büdremesi ýaly büdremäni
başdan geçirmek zerurmy? Siziň tanaýanlaryňyz tabynlygy
nädip öwrendiler? (7-nji bap).
9. Ýolbaşçy göreldesi hökmünde size kim has gowy gabat gelýär:
Petrusmy ýa-da Pawlus? Näme üçin?
Ulanyş:
10. Öz durmuşyňyzda ruhy ýolbaşça zerur bolan nähili häsiýete
ýiti üns bermegiňiz gerek? Munuň üçin siz şu hepdede näme
edip bilýärsiňiz?
210
R uhy
ýolbaşçylyk
Üçünji sapak
8–10-njy baplary okaň, soň toparda ara alyp maslahatlaşmak üçin
aşakdaky soraglara jogap taýýarlaň:
Sapagyň başy:
1. Еger siz islegi bilip, bir pursatda ýolbaşça zerur bolan ömürlik
bir häsiýeti almaly bolan bolsaňyz, haýsyny saýlardyňyz?
Оkalan zatlary ara alyp maslahatlaşma:
2. Görnüş almaklyk nädip kynçylyklara alyp baryp bilýär? (8-nji
bap).
3. Agras adam töweregindäkileri güldürip bilermi? Näme üçin
ýolbaşça degişme duýgusyny saklamak kyn bolýar? (9-njy
bap).
Öwrenmek üçin soraglar 211
4. Gahar ýolbaşça nädip kömek edip biler? Ondan nähili zelel
ýetip biler? (9-njy bap).
5. Näme üçin sabyrlylygy öwrenmek adatdan daşary kyn bolan
häsiýetleriň hataryna girýär? (9-njy bap).
6. Siz nähili pikir edýärsiňiz, ýolbaşçynyň haýsy häsiýetlerini
mesihilerden gözläp tapyp bolýar?
7. Еger ýolbaşça näme bilen meşgullanmalydygy ýa-da nirä
gitmelidigi babatda karara gelmek zerur bolsa, onda ol
Mukaddes Ruhuň aýdýanlaryny öz isleglerinden nädip
tapawutlandyryp biler? (10-njy bap).
212
R uhy
ýolbaşçylyk
8. Dogabitdi ýolbaşçylyk etme ukyby bolan adam ruhy zehini
bar bolan adamdan näme bilen tapawutlanýar? (10-njy bap).
Ulanyş:
9. Özüňiziň ýolbaşçylyk häsiýetleriňiz hakda özüňiz üçin hat
ýüzündäki hasabaty ýazyň. Siz ýaňy — ýakynda nämede
üstünlik gazandyňyz? Ýene-de näme zat siziň tutanýerli
zähmetiňizi talap edýär?
Öwrenmek üçin soraglar 213
Dördünji sapak
11–14-nji sapaklary okaň, soň toparda ara alyp maslahatlaşmak
üçin aşakdaky soraglara jogap taýýarlaň:
Sapagyň başy:
1. Adatça siz hepdäniň dowamynda nähili güýmenjelere köp wagt
sarp edýärsiňiz: melleklere seretmekligemi, öýi bezemekligemi,
kitap — žurnallary ýa-da gazetleri okamaklygamy, kino ýa-da
telegepleşiklere seretmeklige, doga etmekligemi?
Оkalan zatlary ara alyp maslahatlaşma:
2. Siz haçan öz doga etme durmuşyňyzyň gowy zat islemegi
galdyrýandygyny gaýgy bilen bildiňiz? Siz ony üýtgetmek üçin
näme etdiňiz? (11-nji bap).
3. Adamlara nähili päsgelçilikler doga etmäge päsgel berýär?
(11-nji bap).
214
R uhy
ýolbaşçylyk
4. Еger sizde isledigiňizçe wagt bolan bolsa, onda siz ýygnagyň
haýsy işi bilen gaty uly höwes bilen meşgullanardyňyz? (12nji bap).
5. Näme üçin ruhy ýolbaşçylara wagtyny ýerlikli ulanmak köplenç
örän kyn bolýar? (12-nji bap).
6. Еger sizi ýaşalmaýan adada goýsalar, onda siz haýsy üç kitaby
(ýa-da periodik neşirleriň daňysyny) öz ýanyňyz bilen almak
islärdiňiz? (13-nji bap).
7. Еger siziň okanyňyzda edýän bellikleriňiz birden detektiw —
psihologyň eline düşse, olara seredip, ol siziň häsiýetiňiz hakda
näme diýip biler? (13-nji bap).
Öwrenmek üçin soraglar 215
8. „Gaýrat bilen ýolbaşçylyk etmeklik“ nämäni aňladýar? Muny
nädip öwrenmeli? (14-nji bap).
9. Näme üçin ruhy ýolbaşçylyk aşakdan ýokarlygyna dälde, ýokardan aşaklygyna ugrukdyrylmaly? Munuň ýaly
nukdaýnazary nähili aňrybaş derejeler howply etmäge ukyply?
(14-nji bap).
Ulanyş:
10. Siz Hudaýyň Patyşalygynyň bähbidi üçin özüňize berlen wagty
gowy ulanmak üçin nähili ädimleri ädip bilerdiňiz?
11. Siz doga etmek üçin zerur bolan wagty nädip tapyp bilýärsiňiz?
216
R uhy
ýolbaşçylyk
Bäşinji sapak
15–18-nji baplary okaň, soň toparda ara alyp maslahatlaşmak üçin
aşakdaky soraglara jogap taýýarlaň:
Sapagyň başy:
1. Ýolbaşçynyň işi aňsat bolmaýar, ondan köp zat talap edilýär.
Siz nähili baha tölemäge razy?
Okalan zatlary ara alyp maslahatlaşma:
2. Ýolbaşçy üçin „öz haçyňy götermek“ nämäni aňladýar? (15nji bap).
3. Ýolbaşçy tankyda we töweregindäkileriň halamazlygyna nähili
garamaly? (15-nji bap).
Öwrenmek üçin soraglar 217
4. Bensonyň teklip eden düzgünleriniň haýsysyna eýermek size
kyn bolýar? (16-njy bap).
5. Aklanylan
eglişik
(ýagny
kejirligiň
garşydaşlygy)
aklanylmadygyndan (gowşaklygyň ýüze çykmagy) näme bilen
tapawutlanýar? Eglişigiň aklanylandygyny ýa däldigini nädip
kesgitlemek bolýar? (17-nji bap).
6. Başdan geçiren şowsuzlykdan soň galan kineden saplanmagyňyz
üçin size näçe wagt gerek? Siz öz ýeňlişiňizi kim bilen paýlaşyp
bilýärsiňiz? (17-nji bap).
7. Siz ýolbaşçy üçin haýsy synagdan geçmäge hemmesinden
beter gorkýarsyňyz? (17-nji bap).
218
R uhy
ýolbaşçylyk
8. Öz ýolbaşçylygyň astynda bolanlara ýeterlik derejede düşnükli
bolan düzgünnamalary bereniňize nädip göz ýetirmek bolar?
Eger borçlary düşündirmäňiz takyk däl we iki manyly bolsa,
onda näme bolup biler? (18-nji bap).
9. Aşa ýadawlykdan soň siz ruhy taýdan oýanmak üçin näme
edýärsiňiz ýa-da kime ýüz tutýarsyňyz?
Ulanyş:
10. Ýolbaşçy hökmünde duş geljegiňiz gürrüňsiz bolan synaglara
gowuja taýýarlanmak üçin siz şu hepdede nähili ädimler
ätmekçi?
Öwrenmek üçin soraglar 219
Altynjy sapak
19–22-nji sapaklary okaň we soň toparda ara alyp maslahatlaşmak
üçin aşakdaky soraglara jogap taýýarlaň:
Sapagyň başy:
1. Geçen ýylda işiňizde, ýygnagyňyzda ýa-da maşgalaňyzda
haýsy üýtgeşmelere ýetmeklik size kyn boldy?
Okalan zatlary ara alyp maslahatlaşma:
2. Yzyňyza nazar aýlap, ýolbaşçy etmek üçin Hudaýyň özüňizi
nädip taýýarlandygy hakda pikirleniň. (19-njy bap).
3. Hemme zady edendigiňiz ýa-da siziň wezipäňize has gowy
gabat gelýän dalaşgär tapylandygy sebäpli, siz haýsy gullukdan
„işden çykdyňyz“? Şonda siz nähili duýgulary başdan
geçirdiňiz? (19-njy bap).
220
R uhy
ýolbaşçylyk
4. Meşhurlygyň ýolbaşçy üçin nämesi howply? (20-nji bap).
5. Ýolbaşçynyň ýolunda duran nähili päsgelçilikler
hemmesinden beter biynjalyk edýär? (21-nji bap).
sizi
6. Mylaýymlyk siziň ortaçalygyňyz üçin haýsy zatda has wajyp?
(21-nji bap).
7. Özleriniň hiç haçan ýalňyşmaýandygyna ynamly bolan
adamlaryň hötdesinden nädip gelýärsiňiz? (21-nji bap).
8. Nehemýadaky ýolbaşçy hökmündäki näme sizi has köp
guwandyrýar? (22-nji bap).
Öwrenmek üçin soraglar 221
9. Nazaryňyzy öňe dikeniňizde, öz durmuşyňyzyň ahyrynda haýsy
„diwarlaryň“ gurlanyny görmek isleýärsiňiz? (22-nji bap).
10. Erkekler we aýallar ýolbaşçylyk wezipesine nähili derejede
ymtylmaly?
Ulanyş:
11. Hudaýyň özüňize tabşyran ýumşuny mümkin boldugyça
gowy ýerine ýetirmek üçin siz öz güýjüňizi nädip gönükdirip
bilýärsiňiz?
Mazmuny
Spiritual Täzeden işlenilen
iňlis neşirine sözbaşy . . . . . . . . . . . . . . . . . . .3
Birinji iňlis neşirine sözbaşy . . . . . . . . . . . . . . .5
1
Hormata mynasyp dyrjaşma . . . . . . . . . . . . . . .7
2
Ýolbaşçyny tapmak aňsat däl . . . . . . . . . . . . . .13
3
Mesihiň beren esasy
ýolbaşçylyk düzgünleri . . . . . . . . . . . . . . . . . .17
4
Ruhy ýolbaşçyny
tapawutlandyrýan häsiýetler . . . . . . . . . . . . . . .24
5
Siz ýolbaşçy bolup bilýärsiňizmi? . . . . . . . . . . . .33
6
Resul Pawlus ýolbaşçylyk hakda . . . . . . . . . . . .39
7
Resul Petrus ýolbaşçylyk hakda . . . . . . . . . . . . .50
8
Ýolbaşça zerur bolan häsiýetler . . . . . . . . . . . . 56
9
Ýolbaşçyda ýene nähili
häsiýetler bolmaly . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .78
10 Hemme zatdan ýokary . . . . . . . . . . . . . . . . . . .94
11 Doga etmek we ýolbaşçylyk . . . . . . . . . . . . . . .100
12 Ýolbaşçy we wagt . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .111
13 Ýolbaşçy we okamaklyk . . . . . . . . . . . . . . . . . .121
14 Ýolbaşçylyk endiklerini ösdürmek . . . . . . . . . . .132
15 Ýolbaşçylygyň bahasy . . . . . . . . . . . . . . . . . . .139
16 Ýolbaşçynyň borçlary . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .151
17 Ýolbaşçy üçin synaglar . . . . . . . . . . . . . . . . . . .158
18 Ygtyýarlylygy berme sungaty . . . . . . . . . . . . . .165
19 Ýolbaşçylary çalyşmak . . . . . . . . . . . . . . . . . . .171
20 Ýolbaşçylary taýýarlamak . . . . . . . . . . . . . . . . .176
21 Ýolbaşçylara garaşýan howplar . . . . . . . . . . . . .183
22 Ýolbaşçy Nehemýa . . . . . . . . . . . . . . . . . . . . .196
Öwrenmek üçin soraglar . . . . . . . . . . . . . . . . . .203
www.kitabi-knigi.com
Yuklang va istagan jihozda oz tilingizda uqing,
butun oila uchun bepul e-kitoblar.
www.
www.
www.

Benzer belgeler