Bularyň barysy başarnyklar barada

Transkript

Bularyň barysy başarnyklar barada
Bularyň barysy başarnyklar barada
Her adamyň öz bolşy bar, emma arzuwlar hem hukuklar birdir
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa
bagyşlanan hukuk gollanmasy (gözükdirmesi)
Minnetdarlyk sözi
Şu gollanma (gözükdirme) Kolumbiýa uniwersitetiniň Mugallymçylyk kollejindäki
ylymlaryň doktory derejesine dalaşgär, çagalaryň bilim almagy we maýyplygy boýunça
bilermen Waleri Karr tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.
Bu gollanma BMG-niň maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky
Konwensiýasynyň ýörite çagalar üçin işlenip taýýarlanan “Ukyp-başarnyklar hakda”
kitapça neşiriniň gapdalyndan çap edilendir. Bu kitaplaryň ikisi üçin hem zerur bolan
maglumatlary taýýarlamak işi UNICEF guramasynyň başlangyjy boýunça, hususan-da
bu halkara guramanyň Çagalary goramak bölümçesi we ýetginjekleriň ösüşi we
gatnaşmagy bölüminiň aýratyn işjeňlik görkezmegi bilen amala aşyryldy. Gollanma we
onuň gapdalyndaky kitapça UNICEF-iň Maglumatlar we aragatnaşyklar bölümi
tarapyndan rejelendi we çapa taýýarlanyldy.
Mümkinçilikden peýdalanyp, UNICEF guramasy şu neşire bilermen hökmünde baha
bermek bilen, onuň hilini kämilleşdirmäge beren ýardamy üçin maýyplyk we inklýuziw
ösüş baradaky Amerikanara institutyndan bolan Rozanžele Bermanbilere we Serjio
Meresmana minnetdarlyk bildirmek isleýäris. Mundan başga-da, biz neşiriň garalama
görnüşlerine özüniň pikirini we maslahatlaryny teswirlemek arkaly ýardam beren beýleki
adamlara: Helen Şulte (UNICEF),Rawi Kapkara (UNICEF), Şaýle Parwin
Luna(UNICEF), Leme Karlssona (UNICEF-iň Innoçenti barlaglar merkezi), Kristine
Gallegosa (UNICEF), Žaklin Termi (UNICEF) we Karolina Heppe (UNICEF) özümiziň
hoşallygymyzy aýdýarys.
Şu neşirleri çapa taýýarlamakda aşakdaky düýpli mazmunly işler ylhamyň hem ýardamyň
çeşmesi bolup çykyş etdi: Wiktor Pinedanyň Gaznasyny esaslandyryjy we “Bularyň
barysy başarnyklar barada” işiniň ýazary Wiktor Santýago Pinedanyň; “Adam hukuklary.
Hawa!” işini döredijiler Ketrin N. Guernsiniň we Joel M. Balfeniň we şol işi redaktirlän
Nensi Flawersiň; maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary boýunça Minnesotadaky
“Advocating Change Together” (bu gurama sagdyn ösüşinde dürli näsazlyklary bolan we
zähmete bolan ukyby goldan alýan beýleki sökelliklere duçar bolan adamlar tarapyndan
dolandyrylýandyr we hut şol adamlaryň bähbidini goraýandyr); LLB, LLV, LLM, BlueLaw
International LLP guramasynyň hyzmatdaşy we “Adam hukuklary.
Hawa: maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny wagyz etmek we bu ugurda hereket
etmek” işiniň bilelikde taýýarlan we “Başarnyklar barada” gollanmasyna düýpli hem
oýlanyşykly teswirleme beren Jenet E. Lorduň; “Arkalaşyk etmek, dostlaşmak” okuw
maksatnamasyny işläp taýýarlamak arkaly, ýaşlar üçin bilelikdäki düýpli okuwlary
guramak başlangyjy bilen öňe çykan, Todos Institutyna wekillik edýän Hýu Weskeziň,
M.Nell Maýhendiň, Allan Kraftonyň goşan goşantlaryna sagbolsun aýdýarys.
Biz UNISEF-iň German komitetine şu taslamany amala aşyrmakda beren sahylarça
goldawy üçin çäksiz minnetdarlyk aýdýarys.
BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF),
2011-njy ýyl.
Mazmuny
Adam hukuklaryny bilelikde öwrenmek: şu gollanmany nädip peýdalanyp bolar..........2
Okuwy alyp baryjy üçin käbir bellikler............................................................................3
I bap. Adam hukuklary we maýyplyk baradaky düşünjä giriş.........................7
Adamlaryň köpdürlüligi we adam hukuklary...............................................................8
Özboluşly bolmagyň gymmaty...................................................................................8
Adam hukuklary diýip nämä aýdylýar?.....................................................................10
BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasy...........14
Hukuklaryň arabaglanşygyny aýdyň görkezýän diagrammalar................................19
Maýyplygyň durmuş modelleri..................................................................................22
II bap. Ynsan mertebesine hormat goýmak................................................................26
Deňlik we kemsitmelere ýol bermezlik......................................................................27
Adam mertebesini kemsitmek...................................................................................28
Tymsallar we yrymlar..............................................................................................28
Sylag-hormat etmek..................................................................................................33
Köpçülige deň derejede goşulyşmak........................................................................35
Zorlukdan we sütemden/zulumdan azat bolmak.......................................................37
Howpsuzlyk...............................................................................................................38
Zorluk we sütem etmek (zulum salmak/diýdimzorluk)..............................................40
Duruň! Zorluga we süteme “Ýok!” diýeliň.................................................................46
Öý we maşgala........................................................................................................48
Öý edinmek we maşgala gurmak hukugy................................................................49
Maşgalany goldamak...............................................................................................51
III bap. Köpçülige garyşyp-gatnaşmak..........................................................................54
Elýeterlilik we özbaşdak ýaşamak............................................................................55
Taslamany elýeterli etmek........................................................................................56
Özbaşdak ömür sürmegiň daragty...........................................................................59
Bilim almak...............................................................................................................63
Ýyldyzlara atygsamak...............................................................................................64
Eden-etdilik/gorkuzyp howuny basmak....................................................................67
Biziň synpymyz........................................................................................................71
IV bap. Jemgyýeti kämilleşdirmek................................................................................73
Wagyz etmek we anyk işler.........................................................................74
İlatyň habardarlygyny artdyrmak..............................................................................75
Aklawçy (wagyzçy/hukuklary goraýjy/magaryfçy) kimdir?........................................77
V bap. Siziň pikiriňiz gymmatlydyr...............................................................................86
Gollanmada peýdalanylan esasy adalgalar..............................................................87
.
Okuw gorlary
Paýlanyp berilýän maglumatlar 1: BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary
hakyndaky Konwensiýasynyň ýörite çagalar üçin işlenip taýýarlanan neşiri............90
Paýlanyp berilýän maglumatlar 2: Ukyp-başarnyklaryň dürli görnüşleri.................94
Goşmaça 1: Köpçülige goşulyşmak üçin käbir maslahatlar(gözükdirmeler)..................95
1
Adam hukuklaryny bilelikde öwrenmek:
şu gollanmany nädip peýdalanyp bolar
Giriş
Adam hukuklary baradaky bu gollanmany işläp taýýarlamak bilen, çagalara we ýaşlara,
olarda maýyplygyň bardygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, Maýyplygy bolan adamlaryň
hukuklary hakyndaky Konwensiýa barada öz pikirini aç-açan aýtmaga, özünde bar bolan
hukuklary ynamly goramaga we öz jemagatyna arkaýyn goşulyşmagyna ýagdaý döretmek
we muňa ýardam bermek maksady goýuldy.
Şu gollanma (gözükdirme) ýörite çagalar üçin işlenip taýýarlanan, düşnükli ýazylan we
BMG-niň degişli Konwensiýasynyň özboluşly teswirnamasy bolup durýan “Bularyň barysy
başarnyklar barada: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa
düşündirişler” neşirine gorlaýyn maglumatlar hökmünde peýdalanmak üçin işlenilip
taýýarlanyldy. Gollanmada teswirlenýän çäreler ýaşlaryň baştutanlary, “Deň-duş-deňduşa” usulyny guramak boýunça tälimçiler, mugallymlar we beýleki ýerli jemagatlaryň
içinde magaryfçy hökmünde tanalýan we kabul edilýän adamlar tarapyndan giňden
peýdalanylyp bilner. 12-18 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň aňyna Konwensiýanyň we bu
Hukuknamanyň çagalara kepillendirýän mümkinçilikleri barada wagyz işlerini geçirmekde
gollanmanyň ýardamy uly bolar diýip tama edýäris. Neşirde öňe sürülýän baş pikir sada we
ýönekeýdir: çagalaryň we ýaşlaryň hemmesi deňdir, deň mümkinçilikler döredilende,
degerli goldaw berlende we ýardamy ýetirilende, her bir adam mynasyp, maksadaokgunly
ýaşap, öz jemagatynyň durmuşyna ynamly goşulyşyp biler.
Şu ýerde bir zady aýratyn bellemeli: hödürlenýän gollanma Konwensiýa boýunça
gutarnykly neşir hasaplanmaýar. Konwensiýanyň çäklerindäki adam hukuklary baradaky
goşmaça maglumatlary www.un.org/disabilities saýtynda alyp bilersiňiz
Bilelikde okamagyň täsin tarapy.
Bu gollanma maýyplygy barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, çagalary we
ýetginjekleri bilelikde okatmaga, olaryň adam hukuklaryny goramak we maýyplyk
düşünjesi baradaky habardarlygyny artdyrmaga niýetlenendir. Gollanmanyň aýry-aýry
bölekleri we bölümçeleri özbaşdaklygyna-da peýdalanyp bilner, bir bitewi okuw
sapaklaryny guramakda-da oňat ýardam bolar. Okuw sapaklaryna goşulyşan her bir adam
hoşamaýlyk bilen kabul edilýändir, aýratyn işjeňlik görkezýänlere bolsa bu gollanmany öz
okuwçylaryna has golaý we düşnükli etmäge ýardam bermegi teklip edip bolar.
Gollanmada sadadan düşnükli suratlaryň, grafikanyň bolmagy, durmuşda gabat gelýän
käbir wakalary hem hadysalary çözmek bilen bagly meseleleriň berilmegi okuw
sapaklarynyň täsirliligini artdyrýar we olary köpçülikde guramagyň mümkinçiliklerini
giňeldýär.
2
Şuny ýatda saklaň:gollanma dürli adamlary we toparlary garalýan ugurlary we meseleleri
düýpli öwrenmek we hiç bir garaýyşlara, yrymlara, ýordumlara parh bermän, adamkärçilikli
çözmek bilen bagly asylly maksatlarda, şeýle-de durmuşymyzy yzygiderli kämilleşdirmek
ugrunda edepli hereket etmekde birleşdirmek üçin işlenip düzülendir. Her bir adamyň öz
pikiri bardyr, ony sylamak bolsa adamda mertebäni sylamaga barabardyr.
Alyp baryjy üçin käbir bellikler
Her adamyň şahsy aýratynlyklaryna ünsli bolmak
Çagalaryň hem ýetginjekleriň hemmesi bir meňzeşdir diýip bolanok, olar özüniň girýän
toparyna öz gylygy, häsiýeti, tejribesi we erk-islegi bilen gelýär. Olaryň hemmesine-de deň
göz bilen garamaklyk, her birisine deň mümkinçilikler döretmek köpdürli erkislegleriniň,
her bir çaganyň arzuwynyň hasyl bolmagynyň altyn açaryna öwrülýär. Şunda çagalaryň
käbirisine beýlekilere garanyňda wagtyň hem ünsüň has köp gerek bolýandygyny, käwagt
bolsa olaryň ýardam-goldawa mätäçdigini ýatdan çykarmaly däldir.
Okuw sapaklary guralanda, şu aşakdaky meselelere aýratyn orun bermelidir:
џ Okadylýan topara dürli häsiýetli, maýyplygy bolan we synasy sagat çagalary saýlap
almaga çalşyň, şunda oglanlaryň we gyzlaryň deňräk bolmagyny gazanjak boluň, dürli
alamatlar boýunça birleşen kiçi toparlary ünsden düşürmäň.
џ Sapaklaryň geçirilýän ýeri toparyň bilelikde arkaýyn işlemegi üçin howpsyz we amatly
bolmalydyr.
.
џ Turuwbaşdan toparda agzybirligiň we özara sylanşygyň orun almagy üçin zerur bolan
şertleri döretmelidir. Toparyň her bir agzasy özüni bitewüligiň bir bölegi hökmünde
duýmalydyr, birek-birege kömege gelmäge hemişe taýýar bolmalydyr. Ýygra, kibti gysyk
çagalara köpçülige garyşyp-gatyşmaga kömek ediň. Eger-de olar beýlekilere goşulyşasy
gelmese, olaryň islegine hormat goýmalydyr.
џ Topara girýän her bir çaganyň dil aýratynlygy göz öňünde tutulmalydyr. Eger toparda
gürläp bilmeýän çagalar bar bolsa, surdoterjimeçiniň bolmagyny üpjün etmelidir. Görüşi
pes ýa-da batyl çagalara suratlar, maglumatlar, wakalar barada sadadan düşnükli
teswirleme bermegi başarmalydyr. ( Seret: özara habarlaşmagyň dürli usullary üçin
niýetlenen paýlanyp berilýän 2 maglumatlar). Sapak berýän sadadan düşnükli dilde
gürleşmegi başarmalydyr. Toparyň düzüminde aňy gowşak, sowatsyz, sowady pes ýa-da
sapak geçirilýän dile näbelet çagalaryň bolup bilýändigini ünsden düşürip bolmaz.
Okuw maksatnamasyna girizilen sapaklaryň – oýunlardan başlap toparlaýyn çözülýän
gönükmelere çenli - çagalaryň
hemmesine düşnükli hem elýeter bolmagyny
gazanmalydyr. Şeýlelik bilen, şu aşakdaky şertleriň berjaý edilmegine üns bermelidir:
џ Okuw jaýyna hemmeler kynçylyksyz baryp bilýärmi ?
џ Okuw binasynda maýyplyk arabajygynyň geçmegine päsgel berip biljek basgançaklar
ýa-da gapylar barmy?
џ Binanyň hajathanalaryna maýyplyk arabajygynda baryp bolýarmy, hajathana daýançhereket ediş synasy şikesli adamlar hem baryp biljekmi?
џ Bar bolan stollar we oturgyçlar okajaklaryň hemmesine ýeterlikmi? Toparda maýyplyk
arabajygyndaky çagalar bar bolan ýagdaýynda, oturgyjy stoldan süýşürip aýryp
bolýarmy?
џ Görüşi pes bolan çagalar üçin paýlanyp berilmeli okuw gollanmalaryny iri harplar bilen
ýazylan görnüşde çap etmäge ýagdaýyňyz barmy?
.
џ Sapagyň dili, okuw maglumatlary we okatmagyň usullary dürli häsiýetdäki çagalara,
dürli şertlere, hadysalara doly kybap gelýär diýip bolarmy?
џ Sapagyň dili, okuw maglumatlary we okatmagyň usullary topardaky çagalaryň
hemmesine, şol sanda medeniýeti we aň-düşünjesi özara tapawutlanýan çagalaryň
hemmesine elýeterlimi, kabul ederliklimi?
.
Çeşmesi: “ Şeýlelikde, siz çagalar bilen maslahatlaşmagy ýüregiňize düwdüňizmi?
Öňdebaryjy tejribäniň işjeň serişdeleri “, “ Çagalary halas etmegiň ugrunda” başlangyjy,
2003.
3
Ýagşy niýetde bolmak
Özüňiziň beýlekilere ýetirýän täsiriňize, olary öz aýdýanyňyza ynandyryp bilşiňize hiç
haçan kembaha garamaň. Okatmak üçin döredilen toparyň her bir agzasynda
ýagşyniýetliligi, hoşpälliligi terbiýelemäge çalşyň, özüňiz bu ugurda görelde boljak boluň.
Topardakylaryň hemmesiniň ýagdaýynyň hem başarnygynyň deň däldigini ünsden
düşürmek bolmaz, şol sebäpden hem ilkinji günden başlap sylag-hormatyň, agzybirligiň,
adamkärçiligiň okaýan çagalaryň we ýetginjekleriň hemmesi üçin hem kada bolmagyny
ýola goýuň. Olaryň käbirinde näsag çagalara bolan ýaramaz garaýyşlary, gelşiksiz
hereketleri göräýen ýagdaýyňyzda-da, gahar-gazap etmek bolmaz. Şeýle ýagdaýy asylly,
parasatly, ýumry-ýumşaklyk bilen, emma kesgitli çözmegi oňarmalydyr. Özem bu tutuş
toparyň içinde edilse, beýleki çagalar hem ýaramaz gylyklara we endiklere geçirimlilik
edilmejegine oňat düşünerler. Çagalara ilkinji sapakdan başlap, her bir adamyň tapylgysyz
gymmatlykdygyny, adamkärçiligiň bolsa parzdygyny düşündirmegi başarmalydyr.
Bilelikde okamak
Şu gollanma toparyň hemme agzalarynyň deň derejede okuw sapaklaryna gatnaşmagyny
gazanmak usulynda işlenip taýýarlanylandyr. Okuwy alyp barýan adam sapagy
ugrukdyrmagy we toparyň agzalarynyň birek-birek bilen aç-açan ýagdaýda pikir
alyşmagyny guramagy başarmalydyr. Topar näçe kiçi bolsa, sapagyň täsiri şonça-da
ýokary bolýandyr.Her adamyň öz bolşunyň bolýandygyny nazarda tutmak bilen, okadylýan
her bir çaga öz pikirini aýtmaga ýagdaý döretmelidir, olaryň her birisine pikiriniňgaraýşynyň gymmatlydygyny düşündirmelidir. Toparyň agzalarynyň sany 15-den köp
bolmasa, has amatly hasaplanýar.
Jemgyýet aýry-aýry adamlardan durýandyr, olar dürli ýaşda, dürli halda bolup bilerler.
Bu durmuşdyr, onuň käbir ýagdaýlarynda adamyň zähmete bolan ukyby pese düşüp biler.
Meselem:
.
џ Ýaňy dünýä inen bäbegi elde götermeli ýa-da körpejeler üçin niýetlenen arabajyga
salmaly bolýar.
џ Körpeje çaga lifte münende, özüniň ýaşaýan gatyny aňladýan düwmejige eli ýetenok
џ Aýagy döwlüp gipslenen adama basgançakdan münüp-düşmek kyn bolýar.
џ Aýy-güni dolan göwreli maşgala awtobusa münmek agyrdyr.
џ Sowady pes adam internetden gerekli maglumaty almakda kynçylyk çekýär.
џ Özge ýurtdan gelen jahankeşdeler ýerli milletiň diline düşünenok.
џ Görüşi pes adam ownuk ýazylan haty okap bilmeýär.
џ Artrit keselinden ejir çekýän garry adamlar gapyň tutawajyny towlap bilenok.
Umuman, durmuş her bir adamy hem dürli kynçylyklara sezewar edip, golundan
başarnygyny alyp bilýär. Jemgyýet bolsa kynçylyga düşen adama hemişe düşünmäge,
oňa deň göz bilen garamaga taýýar bolmalydyr. Özbaşdak ýaşamak her bir adamyň hem iň
uly isleg-arzuwydyr, emma munuň üçin adam öz durmuşyna degişli meseleleri özi
çözmegi, başyny özbaşdak çaramagy başarmalydyr.
Munuň üçin daşyndan berilýän kömegi minnet saýmak ýa-da gyjalat bermek peslikdir.
Jemgyýet adamyň başyna düşen ýagdaýa düşünmelidir, muny kabul etmelidir we her bir
adama gyradeň garamagy başarmalydyr.
4
Maýyplyk / zähmete ukypsyzlyk düşünjesi
Bu düşünjä bolan garaýşymyz wagtyň geçmegi bilen özgerýär. Ozallar maýyplara
rehimdarlyk etmeli diýip düşünilýärdi, olara durmuş kömek pullaryny alýan adamlar
degişli edilýärdi.
Maýyplygy bolan adamlar diýip ten synasynda, aň-düşünjesinde, duýup bilşinde we
syzgyrlygynda düýpli kemçilikler ýüze çykan, şol kemçilikler zerarly jemgyýetiň
durmuşyna doly suratda, arkaýyn we netijeli gatnaşyp bilmeýän adamlara diýilýär.
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýa, 1-nji madda
Bu garaýyş wagtyň geçmegi bilen adamda bar bolan hukuklaryň täsirinde üýtgedi.
Maýyplygyň ýüze çykarýan kynçylyklarynyň köpüsiniň düýp sebäbi adamyň saglygynda
haýsydyr bir ýetmezçiligi bilen baglamak endigi indi o diýen orun alanok. Kynçylyk
jemgyýetiň bu ýagdaýlara bolan gatnaşygyndan peýda bolýar. Jemgyýet maýyplygy
bolan adamlara beýlekiler bilen deň derejede öz hukuklaryny amal etmäge ýagdaý
döredýärmi ýa-da ýok – mesele şunda.Maýyplara kembaha garamak, olary kemsitmek,
çetleşdirmek, sana goşmazlyk durmuşda uly kynçylyk döredýär, ýeňilmezek böwede
dönýär. Diýmek, maýyplyk saglyk däl-de, sosial hadysa bolup durýandyr, ony çözmek
meselesi jemgyýetiň üstüne ýüklenilýär.
Köpçülige goşulyşmaga päsgel berýän böwetler maýyplygy bolan adamlary durmuşdan
çetleşdirýär. Jemgyýet ilki bilen şu kadany kabul etmelidir – maýyplygy bolan adamlara
ynsanperwerlikli garamak we olara ýardam bermek kämillikden nyşandyr.Maýyplygy
bolan adamlar hem beýlekiler bilen deň derejede jemgyýetçilik durmuşyna işjeň goşulyp,
onda mynasyp orny eýelemäge doly haklydyrlar.
Goşulyşmak (inklýuziwlik) – bu maýyplygy bolan adamlaryň hereket edýän dürli
gurluşlara goşulyşmagynyň ugruny gözlemegini däl-de, şol gurluşlaryň maýyplary
köpçülik işine çekmek maksady bilen kämilleşdirilmegini aňladýar. Inklýuziw jemgyýetde
çagalaryň ählisini öýde, mekdepde , orta hünärment okuwynda, sport we medeni
çärelerinde, köpçüligiň içinde hemmetaraplaýyn goramak üçin şertler döredilýändir.
Şunda kynçylyk ýüze çyksa, inklýuziw jemgyýet öz gurluşyny täze talaplara kybap
kämilleşdirmegiň ýollaryny agtarýar.
Çeşmesi: “ Maýyp çagalar . Kemsitmeleriň öňüni almak we gatnaşyga, ösüşe we
goşulyşmaga ýardam bermek, maksatnamalaýyn ugrukdyryjy resminama, UNISEF,2007
џKonwensiýa täsiri teninde, aň-düşünjesinde, duýup bilşinde we syzgyrlygynda düýpli
kemçilikler ýüze çykan adamlara ýaýraýandyr. Mundan başga-da, onuň çäklerine
zähmete bolan ukybyny wagtlaýyn ýitiren, emma hak-hukuklaryna parh goýulmadyk
adamlar hem çekilip bilner.
Çeşmesi: “Birleşen Milletler Guramasy ukyp-başarnyga eýe edýär” ; bu barada has
giňişleýin www.un.org/disabilities. internet saýtynda maglumat alyp bilersiňiz.
Goşulyşmak üçin käbir maslahatlar:
џÇaga we ýetginjege hemişe hormat bilen garamalydyr! Onuň bilen gürleşeniňizde eneatasyna ýa-da terbiýeçisine däl-de, hut özüne ýüzlenmelidir.
5
џHer bir çaganyň öz bolşuny kabul etmelidir we ony dykgat bilen diňlemelidir.
џÇaganyň/ýetginjegiň şahsy durmuşyny sylamalydyr. Eger-de maýyplygy bolan haýsydyr
bir çaganyň kömege mätäçdigini duýsaňyz, bu barada beýlekilere duýdurman, onuň
özünden sypaýylap soramalydyr. Toparyň hemme agzalaryna deň göz bilen garamagy
başarmaly,aýry-aýry adamlar bilen syr alşyp-berişmek agzalalyga getirip biler.Göwnüňi
açyk tutmaly we öz ýalňyşyňy boýun almagy başarmaly. Zerurdygyny duýsaňyz, öz pikirgaraýşyňyzy üýtgetmeli hem bolar. Munuň gorkuly ýeri ýokdur. Biziň hemmämiz hemişe
okaýarys, okuwyň maksady bolsa kämilleşmekdir.
џ Çagalaryň toparyň işine deň derejede, agzybirlikli gatnaşmagyny höweslendirmegi
oňarmaly. Köplük bolup işleseň, kynçylyklar yza tesýändir.
џ Her bir çaga sylag-hormatly, sypaýylyk bilen ýüzlenmelidir. Ulymsylyk etseňiz, sizden
gaçarlar.
џ Hemişe kömek bermäge taýýar bolmaly, emma adam şol kömegi isleýärmi, oňa nähili
kömek gerek, siz şeýle goldawy berip biljekmi – oňatja pikirleniň! Bir gezek
hödürläniňizden soň kömegiňizden ýüz döndürseler, aýdanyňy gaýtalap ýanjamaň.
џ Sapagy guraýşyňyz her bir çaganyň deň derejede okuwa gatnaşmagyny üpjün edýärmi
(elýeterlimi) – barlap duruň .
Adam hukuklarynyň manysy we hümmeti
Maýyplygyň dürli görnüşleri bolan çagalaryň guralýan sapaklara arkaýyn goşulyşmagyna
kömek berjek goşmaça maslahatlary 1-nji Goşundyda okap bilersiňiz.
Adam hukuklarynyň doly suratda berjaý edilmegi jemgyýetde bar bolan durmuş, ykdysady
we medeni ýagdaýlara bagly bolýar. Dünýä döwletleriniň käbirisinde bu hukuklar doly
derejede berjaý bolup bilmeýär. Emma her bir adam özünde bar bolan hukuklaryň
manysyna düşünmegi başarmalydyr.
Eger-de sapagy guraýan mugallym toparyň taýýardygyny duýsa, bu meseläni gozgap
bolar.
Çagalaryň we ýaşlaryň hukuklarynyň berjaý edilmegine öz täsirini ýetirýän durmuş,
ykdysady we medeni ýagdaýlaryň asyl manysy nämede?
Tutuş dünýä boýunça bu meseleleriň ýagdaýy nähili?
Biziň özümiziň ýaşaýan jemgyýetimizde bu ugurda nähili öňegidişlikler bar?
Olary özara deňeşdirip hem bolar
( meselem, dünýäde zalym
uruşdan ejir çekýän, agyr
zähmetde göýdügýän, dürli
kemsidilmelere sezewar edilýän
maýyp çagalar, mekdebe
goýberilmeýän gyzlar we ş.m bar).
6
7
Adamlaryň köpdürlüligi we adam hukuklary.
Esaslandyrma we syn
Sapaga gatnaşyjylar ynsan köpdürlüligi, adamyň esasy hukuklary we BMG-niň
Konwensiýalary barada gysgaça syny taýýarlarlar. Okuwyň bu tapgyrynyň baş maksady
garalýan düşünjeler babatynda binýatlaýyn bililmleri bermekden we okuwçylaryň
aňynda berkitmekden ybaratdyr. Sapagyň öňünde goyulyan wezipe adam hukuklarynyň
we ynsan köpdürlüliginiň gymmatynyň aýrylmaz baglanşygyny ýüze çykarmakdan
ybaratdyr.
Umumy wezipeler we maksatlar
Okuwyň bu tapgyry tamamlanansoň, okuwçylar şu aşakdaky başarnyklary we endikleri
edinerler:
Adam köpdürlüliginiň gymmatyna düşünerler
Adam hukuklarynyň baş ýörelgelerine göz ýetirerler
џ Adam hukuklaryny berjaý etmekde BMG-niň tutýan ornuny aň ederler
џ Bu ugurda ýerli häkimiýetiň, beýleki edaralaryň, şol sanda jemagatlaryň tutýan ornuny
aňlarlar
џ
џ
Okuwyň göz öňünde tutulýan wagty
2 sagat 15 minut
Sapaklar
A.Tapawutlylygyň gymmaty
B.Adam hukuklary diýip nämä aýdylýar?
A. Özboluşly bolmagyň gymmaty
Sapagyň gysgaça beýany:
Sapagyň dowamynda toparyň agzalary adamlaryň dürli başarnyklaryny ýüze
çykarmagy öwrenerler we her bir adamyň tutuş toparda öz ornunyň bardygyna göz
ýetirerler.
Maksady:
Okuw sapagynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar adamlary dürli ukyp-başarnygy
boýunça ýöriteleşdirilen toparlara degişli etmegiň usullary bilen tanyşarlar we bilelikde
islendik kynçylygy ýeňip bolýandygyna doly göz ýetirerler. Mundan başga-da, bu
sapakdan her bir çaga islendik adamda ukyp-başarnygyň, gaýtalanmajak zehiniň
bardygyna göz ýetirerler
Dowamlylygy:
1 sagat 15 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Kiçi we uly toparlarda pikir alyşmalary we tanyşdyryşlary geçirmek
8
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler.
Işiň guralyşy:
I TAPGYR: iri toparlarda işlemek ( 10 minut )
Okuw toparyny ikä bölüp, sapaga gatnaşyjylardan olarda bar bolan şu aşakdaky
meňzeşlilklere ýa-da aratapawutlara laýyklykda şol toparlara geçmegi haýyş ediň:
џ
џ
џ
џ
џ
џ
Hemmesi uzyn/gysga saçly
Hemmesi gyz/oglan
Hemmesi uzyn/gysga boýly
Sporty halaýanlar/halamaýanlar
Saz bilen meşgullanýanlar/meşgullanmaýanlar
Hemme ýygralar/alçaklar
Alyp baryjy üçin bellikler: toparyň şol bir agzalary dürli-dürli alamatlar boýunça öz toparyny
çalşyp bilerler. Bu gönükmäniň maksady her bir çaga ynsan köpdürlüliginiň gymmatyny
düşündirmekden ybaratdyr.
II TAPGYR: umumy toparda çekeleşikli pikir alyşmak (10 minut)
Umumy topary bir ýere jemläp, köpdürlüligiň ynsan durmuşynyň tebigy bir tarapy bolup
durýandygy barada pikir alyşmagy teklip ediň.
Her bir adamyň öz bolşy bar. Her bir adamyň gaýtalanmajak keşbi bolýar: onuň teniniň,
saçynyň, gözüniň reňki; boýy, jynsy, göwresiniň gurluşy, din-ygtykady, ýaşaýan ýeri we
ş.m. dürli-dürli bolup biler. Maýyplyk hem şol özboluşlylygyň bir görnüşidir. Maýyplyk
adamy ýöremekden, eşitmekden, görmekden, tagamy ýa yslary duýmakdan mahrum
edip biler, emma onuň ukyp-başarnygyny goldan alyp bilmez. Tapawutlylygyň topardaky
gymmaty has üýtgeşik bolýandyr. Dürli adamlar bir ýere jem bolanda, toparda täze-täze
pikirler döreýär, täze ylham joşýar.
Şu aşakdaky hekaýaty aýdyp beriň:
Patma 14 ýaşynda, onuň görüşi pes. Ol özüniň deň-duşlary bilen bilelikde mekdebe
gatnaýar, emma sapakda peýdalanylýan kitaplary okap, suratlary görüp bilenok.
Mugallymyň sapakda tagtanyň ýüzünde ýazýan hatlaryny, çekýän şekillerini hem gözi
alanok. Patmanyň iň golaý jorasy Aliýa klasda onuň bilen bile oturýar we oňa çekilen
şekiller, mugallymyň hereketleri barada gysgaça gürrüň berýär. Aliýa kitapda gören
suratlary, şekilleri barada-da teswirlemek bilen, Patmanyň okuw sapaklaryna oňat
ýetişmegine ýardam edýär. Patma bolsa, öz nobatynda, taryh sapagyny oňat görýär we
bu sapakdan tapawutly bahalar bilen okaýar. Ol öz jorasy Aliýa taryh boýunça barlag
işlerine taýýarlanmaga kömek edýär. Aliýa san we hasap bilen bagly dersleri oňat
özleşdirýär. Olar biri-birine kömek etmek bilen, özünde bar bolan ukyp-başarnyklary
aňrybaş ýerlikli peýdalanýarlar we ikisi-de iň oňat okaýan okuwçylaryň hatarynda
tanalýarlar.
Alyp baryjy üçin bellik: bu hekaýat ýörite sapak üçin oýlanyp tapylandyr. Eger isleseňiz,
durmuşdan alnan hekaýatlary hem aýdyp bilersiňiz.
9
III TAPGYR: Kiçi toparlarda pikir alyşmalary guramak (25 minut)
Okuwçylaryň hemmesini 4-5 adamdan ybarat kiçi toparlara bölüň. Her topardan ýaňky
hekaýatdaky Fatima we Aliýa barada öz pikirini aýtmagy, şeýle-de durmuşdan bilelikde,
agzybirlik bilen işlenende dürli kynçylyklaryň aňsatlyk bilen ýeňlip geçilişi barada 1-2
wakany gürrüň bermegi soraň.
Toparyň agzalaryna özlerinde bar bolan we tabşyrylan ýumşy doly berjaý etmäge ýardam
beren ukyp-başarnyklary barada aýdyp bermegi, şol başarnyklaryň sanawyny düzmegi
teklip ediň (meselem, şeýle sanawy kömege mätäç we kömek berip bilýän adamlar
aýratynlykda düzüp biler). Sanawy flipçartyň ýüzüne ýazdyryň. Soňra toparyň içinde pikir
alyşmalary guraň. Meselem, bu başarnyk hasapdan oňat baş çykarmak, söhbetdeşiňi
diňlemek, oňat surat çekmek, okamak, dilewarlyk we beýlekiler bilen bagly bolup biler.
IV TAPGYR: Tanyşdyryş dabaralaryny guramak (25 minut)
Kiçi toparlaryň agzalaryna öňki ýerlerine barmagy teklip ediň. Kiçi toparyň her birisi
özüniň taýýarlan flipçartyny klas otagynyň diwaryna ýelmesin. Goý, her bir topar özünde
bar bolan başarnyklary bilen tanyşdyrsyn. Tanyşdyryş tamamlanansoň, topardan özüne
berlen tabşyrygy ýerine ýetirmäge nämäniň ýardam bolandygyny soraň. Toparyň
agzalaryna düzülen sanawlaryň ählisi bilen tanyşmaga we olar boýunça pikir alyşmaga
wagt beriň.
V TAPGYR: Netijeleri jemlemek
Toparyň her bir agzasynyň zehininiň, başarnygynyň gymmatlydygyny ýene-de bir ýola
nygtaň; agzybir bolanda, birek-biregi goldanda toparyň özi hem, onuň her bir agzasy hem
has güýçli, has ynamly hereket edýändigini aýdyň.
Aýratyn nygtamaly ýerleri
џ Her bir adamyň zehin-başarnygy gymmatlydyr we gaýtalanmazdyr.
џ Agzybir bolnanda, alynmajak gala ýokdur
џ Hemmelere deň mümkinçilik döredilende, her bir adamyň zehini açylýandyr.
B. Adam hukuklary diýip nämä aýdýarlar?
Sapagyň gysgaça beýany:
Bu okuw sapagynda toparyň agzalary adam hukuklary we Birleşen Milletler
Guramasynyň Konwensiýalary barada düşünje alarlar.
Maksady:
10
Sapagyň ahyryna çenli okuwa gatnaşyjylar adam hukuklarynyň iň esasy ýörelgelerine,
olaryň manysyna we mazmunyna göz ýetirerler (meselem, olar adamyň hukuklarynyň
hemmelere deň derejede degişlidigini, bu hukuklaryň hiç kim tarapyndan bozulyp ýa-da
çetleşdirilip bolmaýandygy baradaky gutarnykly netijä gelerler); okuwçylara Birleşen
Milletler Guramasy, onuň kabul edýän Konwensiýalarynyň halkara hukuk güýji barada
düşünje berler.
Dowamlylygy:
1 sagat
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmalary we “çekeleşikli pikir alyşmagy” geçirmek
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler.
Işiň guralyşy
I TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmany guramak (25 minut)
Bir bölek kagyzda ýa-da mekdep tagtasynda şu aşakdaky parçalary ýazyň we olary sesli
okaň.
“Biziň mugallymymyz hemişe sapakda maňa gygyrýar, maňa “mal” diýip sögünýär. Onuň
şeýle bir ýiti sesi bar (...), käwagt bolsa ol meni urmakdan hem gaýdanok”
Maýyplygy bolan çaga, 12 ýaş, Sudan döwleti
Çeşmesi: “Çagalar babatynda kanuna girizilen zorluklaryň aradan aýrylmagy” 2006-njy
ýylyň jemleri boýunça edilen bütindünýä nutuk, çagalary ten jezalaryna sezewar etmegiň
hemme görnüşleriniň aradan aýrylmagy ugrundaky bütindünýä başlangyç, 2006-njy ýyl
“Her gije ýatmaly wagt gelende, uruş wagtynda öldürilen adamlaryň, has hem bile söweşip,
wepat bolan adamlaryň özüme hüjüm etjeginden çynym bilen gorkýaryn, ukym tutanok”.
Ýaş ýigit, 21 ýaş, Liberiýa döwleti
Çeşmesi:”Ýaşlaryň sesi”, UNICEF
Has giňişleýin maglumaty www.unicef.org/voy/speakout 453.html
saýtynda okap
bilersiňiz.
“[Dogrusy, çynym bilen gynanýaryn, ýöne] hiç-hili çärelere gatnaşyp bilemok, sagdyn
çagalaryň barýan ýerlerine baryp bilemok”.
Gyz, 11 ýaş, Latwiýa ýurdy.
Çeşmesi “Innoçentiniň SWE/GDA we Baltiýa döwletlerindäki geçiş döwründe çagalara we
maýyplyga bolan garaýyş” UNICEF, 2005-nji ýyl.
“Okuwa gatnap başlan ilkinji günümden bäri agyr jezalary çekmäge öwrenşipdirin. Meniň
üçin bu adaty bir zada öwrüldi”.
7-nji synp okuwçysy, Pakistan döwleti
Çeşmesi: “Çagalar babatynda kanuna girizilen zorluklaryň aradan aýrylmagy” 2006-njy
ýylyň jemleri boýunça edilen bütindünýä nutuk çagalary ten jezalaryna sezewar etmegiň
hemme görnüşleriniň aradan aýrylmagy ugrundaky bütindünýä başlangyç, 2006-njy ýyl
Bu parçalary çagalara sesli okap beriň we olar barada öz pikirlerini aýtmagyny teklip ediň.
Çagalaryň ýokarda getirilen ýürek açmalarynda näme umumylyk bar?
11
Okuwçylaryň ýokarda getirilen göwün sözünde özleriniň adalatsyzlyga duçar edilendigi
baradaky hakykat durandyr. Olaryň golundan wajyp bir zat alnypdyr, şol sebäpden hem
çagalar özüni howpsuz duýup bilenoklar. Olara bolmalysy ýaly sylag-hormat edilenok,
olar kemsidilýär, sana salnanok, mekdepde ýa-da beýleki çärelerde bu çagalara hiç-hili
orun berlenok. Olaryň golundan alnan “wajyp zadyň” öz ady bar – muňa “hukuklar”
diýilýändir.
Şu kesgitlemäni okaň-da, “Siz muny bilýärdiňizmi?” diýen bentlerden geçiň.
Siz muny bilýärdiňizmi?
џ Her bir adamyň hukuklary hemmeler tarapyndan ykrar edilmelidir we olara sylag-
hormat goýulmalydyr.
џ Adam hukuklary – biziň her birimiziň aýrylmaz bir parçamyzdyr. Adam dünýä erkin
we deňhukukly dogulýandyr.
џ Adam hukuklary her birimize deň derejede degişlidir. Ony her bir adama bermegiň
geregi ýok, olar dogabitdi bardyr. Hiç bir adam beýleki adamy onuň hukuklaryndan
aýrylap bilmez. Hiç bir kişi sizde hukuklar ýok diýip aýdyp bilmeýär.
џ Adam hukuklarynyň barysy özara baglydyr. Olar biri beýlekisinden aýrylanyp
bilinmez.
џ Öz hukuklaryňyzy bilmeseňiz, olary amal etmek kyndyr.
Adam hukuklary
Her bir adam bu dünýäde özüniň hukuklaryny we dogabitdi mertebesini (her bir adam
bu dünýä özüne mahsus bolan mertebesi bilen bile dogulýandyr) goraýan kanunlaryň
saýasynda ýaşaýar. Meselem, her bir adam ýaşamaga we gula öwrülmekden azat
bolmaga haklydyr. Bu hukuklar Birleşen Milletler Guramasynyň agza-döwletleri
tarapyndan 1948-nji ýylda bir agyzsan kabul edilen Adam hukuklarynyň Ählumumy
Jarnamasynda berkidilendir. Her bir çaga sagdyn iýmitlenmäge, özüniň saglygynyň
goralmagyna, mekdepde bilim almaga, zorlukdan, zalymlykdan we sütemden
goralmaga haklydyr. Mundan başga-da, çagalar özlerine degişli meselelerde belli bir
karara gelnende öz pikirini aýtmaga haklydyr, ulular bolsa gutarnykly bir zat aýtmazdan
çagalaryň pikirini alga almalydyrlar. Çagalaryň hukuklary Çaga hukuklary baradaky
Konwensiýada dolulygyna beýan edilendir.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyklar barada”, UNICEF, 2008-nji ýyl.
II TAPGYR: Umumy toparda çekeleşikli pikir alyşmak (15 minut)
Sapakda oturan okuwçylara adam hukuklarynyň esasylaryny aýtmagy teklip ediň we
özleriniň şol hukuklaryny jemgyýetde amal edip bilen (ýa-da bilmedik) ýagdaýlary
barada gürrüň bermegi soraň. Flipçartyň ýa-da tagtanyň ýüzünde adamyň öz
hukuklaryna eýe bolup bilýän we bilmeýän ýagdaýlaryny belläp geçiň. Mümkinçilik
bolan ýerlerinde bu ýagdaýlara durmuşdan mysallary getirip görkeziň.
Adam hukuklarynyň käbir mysallary
12
Ýaşamaga bolan hukuk
Mekdepde okamaga bolan hukuk
Jemagatyň içinde özbaşdak ýaşamaga bolan hukuk
Erkin we howpsuz durmuşda ýaşamaga bolan hukuk.
Hiç bir döwlete degişli bolman ýaşamaga bolan hukuk
Öz pikiriň bolmagyna, ony beýlekiler bilen aç-açan paýlaşmaga we aýtmaga bolan
hukuk
Zähmet çekmäge bolan hukuk
Şahsy durmuşda ýaşamaga bolan hukuk
Kemsidilmän ýaşamaga bolan hukuk.
Kazyýetde özüňe adalatly garalmagyna bolan hukuk
Nika baglaşmaga we maşgala gurmaga bolan hukuk
Zorlukdan we sütemden goralmaga bolan hukuk
Zulumdan we kemsidilmeden goralmaga bolan hukuk
III TAPGYR: Kiçi toparlarda pikir alyşmalary guramak (20 minut)
Topardaky çagalara özünde bar bolan adam hukuklary we olaryň özara baglanyşygy
barada has köp biljekdiklerini düşündiriň. Okuwçylara Birleşen Milletler Guramasynyň
halkara durmuşyndaky tutýan orny, döwletara we halkara ylalaşyklaryny baglaşmakda,
zeminde ýaşaýan her bir halk üçin adam hukuklaryny goramakda we yzygiderli
ösdürmekde möhüm resminamalary (olara başgaça Konwensiýalar diýilýär) kabul
etmekde bu abraýly guramanyň ygtybarly hukuk binýadyny üpjün edýändigi barada
gürrüň beriň.
1989-njy ýylda Çaga hukuklary baradaky Konwensiýanyň kabul edilmegi BMG
tarapyndan adam hukuklaryny goramak we ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işiň
möhüm ähmiýetli netijeleriniň biri boldy. Bu Konwensiýa tutuş dünýäde adam hukuklary
ugrunda göreşmekde çagalary we olaryň hukuklaryny hemme zatdan ileri tutmagyň
ilkinji mysaly bolup öňe çykdy. Bu Konwensiýada göz öňünde tutulan hukuklar çagalaryň
ählisiniň sagdyn ösmegi, mynasyp bilim almagy, howpsuz gurşawda ýaşamagy, öz
jemgyýetiniň doly hukukly agzalary bolup ýetişmegi üçin zerur bolan şertleri doly üpjün
etmäge gönükdirilendir. Çaga hukuklary baradaky Konwensiýa hemme çagalaryň, şol
sanda maýyplygy bolan çagalaryň deň hukuklara eýedigini anyk-aýdyň beýan edýändir!
Maýyplygy bolan adamlara beýlekiler bilen deň derejede, deň göz bilen garalmagyny
üpjün etmek maksady bilen BMG-nyň agza-döwletleri Maýyplygy bolan adamlaryň
hukuklary hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarladylar. Bu işde olar maýyplgy bolan
adamlaryň özleriniň we olaryň wekilçilikli guramalarynyň kömeginden peýdalandylar.
Birleşen Milletler Guramasy – abraýly halkara guramasydyr. Ol özüne agzalyk edýän
192 döwletiň hökümetleri tarapyndan döredilendir. Guramanyň baş maksady tutuş
dünýäde parahatçylygyň we adalatyň ykrar bolmagyny gazanmakdan ybaratdyr. BMG
1945-nji ýylda geljekde uruşlaryň öňüni almak, adam hukuklaryny goramak, şeýle-de
her bir adamyň bähbidini araýan meseleleri çözmek üçin döwletleriň bir ýerde jem
bolmagyna belli bir ýeri üpjün etmek maksady bilen döredildi.
Çeşmesi: BMG-nyň çagalara – jenaýatlaryň pidalaryna we şaýatlaryna – degişli işlerde
adalatly kazyýeti üpjün etmek meselelerindäki Usulyýet maglumatlary (çagalar üçin
ýörite, has sada we düşnükli görnüşde işlenip taýýarlanan görnüşi), BMG-nyň Neşeler
we jenaýatçylyk baradaky Müdirligi /UNISEF, 2006.
Konwensiýa 2008-nji ýylyň 3-nji maýynda işe girizildi (ýagny, halkara kanuna öwrüldi).
Konwensiýa saglygynda dürli ýetmezçilikleri bolan adamlaryň, şol sanda çagalaryň we
ýaşlaryň hukuklarynyň goragynda durýar we olary ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş
edýär.
13
Konwensiýa diýip nämä aýdylýar?
Konwensiýa – bu döwletleriň belli bir mesele boýunça şol bir kanuny doly berjaý etmek
barada ylalaşmasydyr. Konwensiýa gol çekýän we ony ratifisirleýän (tassyklaýan)
döwlet bu Konwensiýany özüne hukuk borjy hökmünde kabul edýändir we şol pursatdan
başlap kabul edilen Konwensiýa şol döwletiň Hökümetiniň hereketlerini ugrukdyryp
başlaýar. Köp halatda munuň özi döwletleriň kabul edilen Konwensiýanyň ileri tutýan
maksatlaryny goldamak üçin ozal bar bolan kanunlaryny üýtgetmegine ýa-da
kämilleşdirmegine getirýär. Ratifikasiýa – döwlet tarapyndan gol çekilen
Konwensiýanyň ýa-da ylalaşygyň şol ýurtda resmi taýdan oňlanylyp, ýurduň kanunyna
öwrülen pursatynda bolup geçýär.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyklar barada”, UNICEF, 2008-nji ýyl.
Çaga hukuklary baradaky Konwensiýa we Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary
baradaky Konwensiýa bilelikde kuwwatly hukuk binýadyny düzmek bilen, maýyplygy
bolan çagalaryň beýlekiler bilen deň derejede mekdebe gitmegini, oýnamagyny,
güýmenmegini üpjün edýär. Çaga hukuklary baradaky Konwensiýa hemme çagalaryň
ähli hukuklarynyň sanawyny öz içine alýandyr. Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary
baradaky Konwensiýa dürli maýyplygy bolan çagalaryň (hem ulularyň) bu hukuklaryny
tassyklamak bilen, şeýle çagalaryň (we ulularyň) öz hukuklaryny amal etmegi üçin
döwetler tarapyndan düýbi tutulmaly çäreleriň we hereketleriň doly teswirini berýär.
Garalýan meseläniň esasy ugurlary:
џ Maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlar, şol sanda çagalar, köphalatda öz
hukuklaryna eýe bolup bilmeýärler.
џ Adam bilen adamyň arasyndaky parhlylyga garamazdan, hukuklar hemme
adamlara deň derejede degişlidir.
џ Adam hukuklary özara pugta baglanyşyklydyr. Şol hukuklar bir-birine gönüden-göni
täsirini ýetirýär we biri beýlekisinden aýrylanyp bilinmez.
џ Birleşen Milletler Guramasynyň Konwensiýalary – döwletler tarapyndan gol çekilip
we tassyklanyp bilinýän halkara kanunlardyr. Konwensiýa gol çeken we ony
ratifisirlän döwletler bu resminamany doly berjaý etmegi borçlanýarlar. Şu maksat
bilen, gerek bolan ýagdaýynda, döwletler özüniň milli kanunlaryna gaýtadan garap
geçmelidirler we olary kämilleşdirmelidirler.
Goşmaça maglumatlar:
www.un.org/rights/dpi1774e.htm
www.un.org/millenium/la.treaties.htm
www.unicef.org/crc
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýa (MAK)
Esaslandyrma we syn
Sapaga gatnaşyjylar Konwensiýa umumy syn bererler we onuň esasy ýörelgeleri,
şeýle-de maýyplygyň durmuş modeli bilen tanyşarlar.
Umumy maksatlar we wezipeler
14
Okuw tamamlanansoň, oňa gatnaşyjylar şu aşakdaky endikleri edinerler:
џ Konwensiýanyň esasy ýörelgelerine aň ýetirmek
џ Adam hukuklarynyň arabaglanyşygyna düşünmek
џ Maýyplyga bolan dürli garaýyşlar barada düşünje almak
Göz öňünde tutulýan wagt
3 sagat 5 minut
Okuw sapaklarynyň esasy ugurlary
A.
BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýasy
B.
Adam hukuklaryny şekilde beýan edýän diagrammalar
C.
Maýyplygyň durmuş modeli
A. BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky
Konwensiýasy
Okuw sapaklarynyň gysgaça beýany:
Okuwy guramagyň baş maksady oňa gatnaşyjylary maýyplygy bolan adamlaryň, şol
sanda çagalaryň hukuklary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Maksady:
Sapaklaryň netijeleri boýunça okuw toparyna gatnaşýan çagalar Konwensiýanyň ileri
tutýan maksatlaryny, Maýyplygy bolan adamlaryň, şol sanda çagalaryň hukuklaryny
goraýan halkara ylalaşygyny kabul etmegiň zerurlygyny düşündirip bilerler we
durmuşdan adam hukuklarynyň berjaý edilişi baradaky mysallary getirip bilerler.
Dowamlylygy:
1 sagat 20 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda tanyşdyryşy geçirmek, kiçi toparlarda pikir alyşmalary we okuw
çärelerini guramak
Peýdalanylýan esbaplar:
Flipçartyň bir topy, reňkli flomasterler we surat çekilýän reňkler, şeýle-de paýlanyp
berilýän maglumatlar – BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky
Konwensiýasynyň çagalar üçin ýörite, sada we düşnükli dilde taýýarlanan görnüşi.
Işiň barşy
I TAPGYR: Giriş (20 minut)
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýanyň Birleşen Milletler
Guramasy tarapyndan maýyplygyň dürli görnüşlerine sezewar bolan adamlaryň, şol
sanda çagalaryň adam hukuklaryny we binýatlaýyn azatlyklaryny goramak we olaryň
durmuşda orun almagyny üpjün etmek maksady bilen ýörite kabul edilendigini aýdyň.
Çagalardan adam hukuklary boýunça beýleki düýpli hukuknamalarynyň eýýäm kabul
edilen we hereket edýän häzirki döwründe hut maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny
goramaga niýetlenen aýratyn Konwensiýanyň kabul edilmeginiň zerurlygy barada
soraň, bu dogrusynda öz pikirini aýtmagy teklip ediň.
15
Okuwçylara Çaga hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň güýjüniň körpejeleriň
hemmesine, şol sanda saglygynda dürli näsazlyklary bolan çagalara-da degişlidigini
aýdyň, şunda Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýanyň çaga
hukuklary baradaky Konwensiýada göz öňünde tutulan hukuklary has giňişleýin,
töwerekleýin alýandygyny düşündiriň.
Şu aşakdaky goşgyny çagalara okap beriň we ony ara alyp maslahatlaşmak üçin
goşmaça maglumat hökmünde peýdalanyň:
Älemgoşar
Gökden ýaganda ýagyş, sanajyny kakanda,
Gussadan basylyp, agladym menem.
Bulutlar aldylar asmany baglap,
Gökden çal bolupdyr, ýüzüni çytyp.
Ýyldyrym çakyp dur, iňňesin sünjüp,
Daglaryň ýüzüni örtdi bir perde,
Jahan suw-sil bolup, ýitdi sudurlar,
Älemler ulaşdy nämälim derde.
Bu zatlardan aklym haýran, aljyrap,
Otyrkam, ýapyşyp arabajygma,
Ejem geldi, ýagşyzada boldy-da,
Maňa başga surat çekdi, gujaklap.
Göwün açylanda, bulut syrylýar,
Dünýa suwa düşýär, dür damjalarna,
Gün çykanda bolsa, asman ýylgyrýar,
Älemgoşar reňkli lebleri bilen.
Gülsere ROZYÝEWA, 10 ýaş, Lebap welaýatynyň Sakar etraby.
Maýyplygy bolan çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň özlerinde bar bolan hukuklardan
durmuşda peýdalanmagy üçin dürli böwetlikleriň barlygy gizlin zat däl. Durmuşda
kämahal olaryň kemsidilýändigini, saglygynda näsazlyklar bolan adamlaryň köpçülige
doly suratda garyşyp-gatyşyp bilmeýändigini görmek bolýar. Bu ýagdaý hemme
döwletlerde-de, jemgyýetiň hemme gatlaklarynda-da, ykdysadyýetiň, syýasatyň, dinygtykadyň, medeniýetiň dürli akabalarynda-da orun alyp bilýär. Maýyplygy bolan
çagalaryň we olaryň maşgalalarynyň durmuşyny kynçylyklara sezewar edýän dürli
kemsidilmeler göni, gytaklaýyn we gatyşykly halda bolup biler. Maýyplygy bolan çaga
onuň saglyk ýagdaýyny bahanalap beýleki sagdyn çaga bilen deň derejede, deň göz
bilen garalman, görnetin başgaça garalanda ýa-da ýüzlenilende, gönüden-göni
kemsidilme ýüze çykýar. Bir göräýmäge, maýyplygy bolan çagalary beýlekilerden asla
tapawutlandyrmaýan syýasaty yglan eden, şeýle tejribäni durmuşa geçirýän, hakykatda
bolsa syna şikeslerini bahanalap adamlaryň hukuklaryny berjaý etmekden ýüz
dönderýän döwletlerde gytaklaýyn kemsitmeler orun alýandyr.
16
Çeşmesi: “Maýyplygy bolan çagalaryň hukuklaryny öňe sürmek”, Innoçenti Daýdžest
№13, UNICEF
Peýdalanylýan maglumatlar 1: BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary
baradaky Konwensiýasynyň çagalar üçin ýörite, sada we düşnükli dilde işlenip
taýýarlanan görnüşi.
Sapagyň şu ýerinde Konwensiýanyň hemme maddalarynyň özara baglydygyny,
bölünmesizdigini, biri-birinden gelip çykýandygyny düşündiriň. Berýän teswirlemäňizde
Konwensiýanyň maddalarynyň umumy häsiýete eýedigini we Konwensiýanyň tutuş
özüne degişlidigini, beýleki maddalaryň bolsa, meselem bilim almaga we zähmet
çekmäge bolan hukuklary berkidýän maddalaryň belli bir ugra ýöriteleşdirilendigini
aýratyn nygtaň. Konwensiýanyň hemme maddalarynyň hem çagalara, hem ululara
degişlidigini aýdyň. Şol bir wagtyň özünde-de, Konwensiýanyň düzümine ýörite
çagalar üçin aýratyn bir maddanyň – 7-nji maddanyň girizilendigine çagalaryň ünsüni
çekiň.
7-nji madda – Maýyplygy bolan çagalar
Döwletler maýyplygy bolan çagalaryň beýleki çagalar bilen deň derejede adam
hukuklarynyň we binýatlaýyn azatlyklarynyň dolulygyna berjaý edilmegini üpjün etmek
üçin zerur bolan çäreleriň ählisini durmuşa geçirýärler. Mundan başga-da, olar
maýyplygy bolan çagalaryň özlerine degişli bolan meselelerde öz pikir-garaýyşlaryny
aç-açan beýan etmegine ýagdaý döredýärler. Islendik işde çagalaryň bähbidi ileri
tutulmalydyr.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyklar barada” UNICEF, 2008-nji ýylyň aprel aýy
Umumy häsiýetli maddalar:
1-nji madda: Maksady
2-nji madda: Kesgitlemeler
3-nji madda: Umumy ýörelgeler
4-nji madda: Umumy borçlar
Giňişleýin häsiýetli maddalar:
5-nji madda: Deňlik we kemsidilmezlik
6-njy madda: Maýyplygy bolan zenanlar
7-nji madda: Maýyplygy bolan çagalar
8-nji madda: Terbiýeçilik-aň-düşünje bermek işi
9-njy madda: Elýeterlilik
Ýöriteleşdirilen häsiýetli maddalar:
10-njy madda: Ýaşamaga bolan hukuk
11-nji madda: Töwekgellikli hadysalar we adatdan daşary ynsanperwerlik ýagdaýlary
12-nji madda: Kanunyň öňündäki deňlik
13-nji we 14-nji maddalar: Adyl kazyýetiň elýeterli bolmagy
14-nji madda: Erkinlik we şahsy eldegrilmesizlik
15-nji madda: Gynamalardan we zalymlykdan, sütemli ýa-da adam mertebesini
kemsidýän hereketlerden we jezalandyrmalardan azat bolmak
16-njy madda: Başga biriniň haýryna işletmekden, diýdimzorlukdan we namysa
degmekden azat bolmak
17-nji madda: Şahsy bitewüligiň goralmagy
18-nji madda: Erkin hereket etmek we raýatlyk degişliligi
19-njy madda: Özbaşdak durmuşda ýaşamak
20-nji madda: Özbaşdak hereket etmek
21-nji madda: Maglumatlaryň elýeterli bolmagy we öz pikiriňi erkin aýtmak hukugy
22-nji madda: Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi
17
23-nji madda: Öýi we maşgalany hormatlamak
24-nji madda: Bilim almak
25-nji we 26-njy maddalar: Sagdynlyk we saglygyňy dikeltmek
27-nji madda: Zähmet çekmek
28-nji madda: Durmuş goraglylygy
29-njy madda: Syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna garyşyp-gatyşmak
30-njy madda: Medeni durmuşa, boş wagtyňy guramaga, dynç alyşa we sporta
gatnaşmak.
Konwensiýanyň dolulygyna 50 maddadan ybaratdygyny aýdyň. 1-30-njy aralykdaky
maddalar maýyplygy bolan adamlara degişlidir we döwletler tarapyndan olaryň
hukuklaryny goramak üçin amala aşyrylmaly çäreleri teswirleýär. Konwensiýanyň 3150-nji maddalary her bir döwletiň Hökümetiniň we raýat jemgyýetiniň (şol sanda
çagalara we ýaşlara wekilçilik edýän guramalaryň) maýyplygy bolan adamlaryň
ählisiniň öz hukuklaryny amal edip bilmegi ýaly öz tagallalaryny birleşdirmeginiň
tertibine garaýar.
Meselem, 35-nji madda Konwensiýany tassyklan döwletleri öz üstüne alan borçlarynyň
berjaý edilişine pugta gözegçiligi ýola goýmaga borçlandyrýar. Döwletler bu işiň alnyp
barlyşyny degişli tertipde resmileşdirmelidir we özleriniň amala aşyrýan çäreleriniň
netijeleri barada degişli edaralary habardar etmelidir. BMG-nyň degişli Komiteti
maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Komitet özüne ýollanan
habarnamalara syn berer we Konwensiýanyň esasy düzgünleriniň amala aşyrylmagyny
üpjün etmek üçin zerur bolan goşmaça hereketler boýunça degişli görkezmeleri
bermek bilen, saglygynda dürli näsazlyklar bolan adamlaryň hukuklaryny has ygtybarly
goramaga ýardam eder.
II TAPGYR: Kiçi toparlarda iş geçirmek (30 minut)
Sapaga gatnaşýanlary 4-5 topara bölüň-de, toparlaryň her birisine flipçart we
flomaster ýa-da surat çekilýän reňkleri paýlap beriň. Her topara hukuklaryň bir ugruny
tabşyryň-da, çagalara şol hukuklaryň amal edilmeginden boýun gaçyrylýan hadysalary
kagyzyň bir tarapynda mysal getirmegi tabşyryň. Kagyzyň beýleki tarapynda agzalan
hukuklaryň görelde alarlyk derejede berjaý edilen ýagdaýlaryny bellesinler. Çagalara
bu suratlaryň hem ýazgylaryň okalýan synp otagynda, mekdepde, köpçüligiň barýan
ýerinde adamlar görüp, habardar bolar ýaly asylyp goýuljakdygyny aýdyň.
III TAPGYR: Umumy toparda çekeleşikli pikir alyşmak (30 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan öz çeken suratlaryny toparyň hemme agzalaryna görkezmegi
haýyş ediň. Ilki bilen hukuklaryň berjaý edilmeginden boýun gaçyrylýan, soň bolsa şol
hukuklaryň doly ýerine ýetirilýän hadysalaryny synlap görüň. Şunda şu aşakdaky
sowallary bermegi ýatdan çykarmaň:
џ Çagalar bu hukuklara nädip ýetdilerkä?
џ Hukuklara eýe bolmak üçin, çagalar haýsy böwetleri ýeňip geçmeli boldularka?
џ Çagalardan adata öwrülen kembaha garaýyşlary/gatnaşyklary ýeňip geçmegiň,
köpçüligiň ýa-da döwletiň goldawyny almagyň, daş-töwerekdäkileriň habardarlygyny
ýokarlandyrmak ugrunda tagallalary birleşdirmegiň (bilelikde işlemegiň) oňyn
mysallaryny agzap geçiň.
18
Ýaňky suratlary plakat hökmünde ulanyň-da mekdepde, köpçüligiň barýan ýerinde
asyp goýuň. Goý, adamlar okasynlar hem bilsinler.
Sapagy alyp baryjy üçin bellik:
Eger-de okuwçylar tabşyrylan ýumuşlar boýunça mysal tapmakda kynçylyk çekýän
bolsa, olaryň ünsüni gündeki edilýän-goýulýan zatlara gönükdiriň. Olar okuwa
gidýärlermi? Dürli oýunlary oýnaýarlarmy? Öz öýlerinde ýaşaýarlarmy? Sähel başy
syzlasa, lukmana arkaýyn ýüz tutup bilýärlermi? Göräýmäge bu ýönekeý, adaty hakhukuklar, biz olary bolaýmaly zat hökmünde kabul edýäris, emma käbir adamlaryň bu
hukuklardan mahrumdygyny çagalara düşündirmek gerek. Sözüňizi berkitmek üçin
çagalara şol hukuklaryň berjaý edilişini göz öňüne getirip, onuň suratyny çekmegi
teklip ediň.
Sapakda aýratyn nygtalmaly ugurlar:
џ Bütin dünýäde ýaşaýan çagalaryň we ýaşlaryň hukuklary hemmeler bilen deň
derejede üpjün edilmelidir.
џ Ilatyň dürli gatlaklaryna degişli bolan adamlaryň (ýaşuly adamlaryň, aýal
maşgalalaryň, çagalaryň we ş.m.) arasynda bolanyňyzda, özüňize berlen sowallara
jogap bermäge we özüňde bar bolan hukuklary amala aşyrmagyň ýollaryna,
usullaryna degişli maglumatlary aýdyp bermäge taýýar boluň.
B. Hukuklaryň arabaglanşygyny aýdyň görkezýän
diagrammalar
Sapagyň gysgaça beýany:
Sapagyň guralmagynyň baş maksady okuwçylara adam hukuklarynyň özara
baglydygyny düşündirmekden ybaratdyr.
Maksady:
Okuwyň bu tapgyry tamamlanansoň, sapaga gatnaşyjylar adamlarda bar bolan
hukuklaryň olaryň hajatlaryndan, jana-jan bähbitlerinden gözbaş alýandygyna, şol
hukuklaryň berjaý edilmedik ýagdaýynda adamlaryň kyn hala düşýändigine açykaýdyň göz ýetirerler.
Dowamlylygy:
1 sagat
Sapagy geçirmegiň usullary:
Umumy toparda pikir alyşmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Adam hukuklarynyň flipçartyň ýa-da mekdep tagtasynyň ýüzünde çekilen
diagrammalary.
19
Işiň barşy:
I TAPGYR. Giriş (5 minut)
Sapaga girişmezden ozal çagalara sada we düşnükli dilde adamlarda bar bolan
hukuklaryň olaryň erk-islegine, hajatlaryna kybap gelýändigini, her bir adamyň şol
hukuklara we özünde bar bolan hajatlara haklydygyny düşündiriň. Toparyň agzalary şu
sapagyň dowamynda özlerinde bar bolan hukuklaryň biri beýlekisi bilen aýrylmaz
baglydygyna göz ýetirip biljekdigini, şol hukuklaryň diňe biri bitirilmän galanda-da, adamy
kyn ýagdaýa salýandygyna düşünmäge ýagdaý aljakdygyny bilmelidirler.
II TAPGYR. Görkezme esbaplar arkaly düşündirmek. (40 minut)
Okadýan maglumatlaryňyzy diagramma arkaly düşündiriň:
1.
BMG-nyň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynda
göz öňünde tutulan adam hukuklarynyň haýsysy hem bolsa birini (meselem, bilim almak
hukugyny) diagrammanyň iň ýokarky, uly tegeleginiň içinde ýazyň.
2.
Indi okuwçylardan soraň: “Eger-de adamyň görkezilen hukugy berjaý edilmese, bu
ýagdaý haýsy netijelere getirip bilýär?” Çagalara şol netijeleriň islendik üçüsini “Netije”
sözi bilen aňladylan has kiçiräk tegelekleriň hersine birini ýazmagy teklip ediň.
3.
Ýaňky alnan üç netijäniň (meselem, bilim almakdan mahrum edilen adamyň okap
bilmeýändigini alyp bilersiňiz) her biri boýunça “Şu netijäniň täsirinde adam ýene-de
haýsy hukuklaryndan aýra düşüp bilýär?” diýen sowaly orta atyň (meselem, okap
bilmeýän adam zähmete bolan hukugyny berjaý edip bilmeýär, çünki ol sowatsyzlygy
zerarly özüniň işe kabul edilmegini sorap, arza ýazyp bilmeýär). Şunlukda, ýaramaz
netijeleriň her birisi boýunça ýüze çykýan zyýanly täsirleriň ýene-de ikisini diagrammanyň
iň aşaky, has kiçi tegeleklerine ýazyň.
Şunuň ýaly diagrammalaryň azyndan ikisini ýa-da üçüsini dolduryň.
Adam hukuklarynyň diagrammasy.
20
netijesi
Netijesi
Netijesi
Netijesi
Hukuk
Hukuk
Hukuk
Meselem:
Saglygy goramak we dikeltmek
Siziň her biriňizde beýleki adamlar bilen deň derejede ilata mugt ýa-da elýeterli
bahadan edilýän saglyk hyzmatlarynyň deň mukdaryna we hiline bolan hukugyňyz
bardyr. Mundan başga-da, maýyplygy bolan adamlaryň ýöriteleşdirilen lukmançylyk
hyzmatlaryny almaga hukugy bardyr.
Saglygy
goramaga we
dikeltmäge bolan
hukugyň berjaý
edilmezligi
netijesi
Netijesi
Ýaşama
ga bolan
hukuk
Netijesi
Netijesi
Ölüme
getirýär
Ada my
hassa edýär
we
keselhana
düşürýär
bar bolan
pullaryň
barysyny
dermana
sowmaly
edýär,
Hukuk
Hukuk
Ş ahs yýeti
go ramaga
bo lan hukuk
Ö zbaşdak
ýaşamaga
bolan
hukuk
Hukuk
Bilim
almak
huku gy
Öý
edinmek
hukugy
Medeniýete,
sporta w e
dynç alyş a
bolan
hukugy
III TAPGYR: Umumy toparda pikir alşygy guramak. (15 minut)
Getirilen mysallary ara alyp maslahatlaşyň we şu aşakdaky sowallary beriň:
џ Adam hukuklarynyň ýeke birisiniň berjaý edilmezligi haýsy netijelere getirip bilýär?
џ Şol netijeleriň haýsysy has köp zelel berýär?
џ Adam hukuklarynyň özara baglanşygy barada söz açýan bu gönükmeden Siz näme
netije çykardyňyz?
Çeşmesi: “Adam hukuklary. HAWA!: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary ugrunda
hereket etmek we olary wagyz etmek”. Adam hukuklary baradaky gorlar merkezi,
2007; bu barada has giňişleýin www.humanrightsyes.org saýtynda okap bilersiňiz.
Sapakda aýratyn üns berilmeli ugurlar:
џ Hukuklaryň barysy özara baglanyşyklydyr.
џ Hukuklaryň birisiniň berjaý edilmedik ýerinde adam beýleki hukuklaryndan mahrum
bolýandyr.
21
Ç.
Maýyplygyň durmuş modeli
Sapagyň gysga beýany:
Okuwyň bu tapgyry sapaga gatnaşyjylary maýyplyga bolan ozalky garaýyşlar, şeýle-de
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň binýadynda goýlan
maýyplygyň durmuş modeli diýen düşünje bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir.
Maksady:
Sapaklaryň jeminde toparyň agzalary maýyplygyň durmuş modelini doly düşündirmegi
başararlar.
Dowamlylygy:
45 minut
Sapagy geçirmegiň usullary:
Tanyşdyryşy geçirmek we umumy toparda pikir alyşmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy bilen hek ýa-da flipçart bilen flomasterler
Işiň barşy:
I TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmany guramak (40 minut)
Okuw sapagyny şu beýannamadan başlaň:
Her bir adamyň öz bolşy bardyr, meselem, her bir adamyň teniniň öz reňki bar, ol oglan
ýada gyz, boýy uzyn ýa-da gysga, göwresi semiz ýa-da hor bolup biler. Maýyplyk hem edil
şonuň ýalydyr. Maýyplyk adamy görmekden, eşitmekden, ýöremekden, dürli zatlara biziň
öwrenişimiz ýaly düşünmekden galdyryp bilýär. Emma bu ukypdan galan adam
jemgyýetiň sanyndan çykarylmaly däldir. Maýyplyk adamy onda bar bolan adam
hukuklaryndan aýrylap bilmeýär. Maýyplyk käbir adamlaryň bary-ýogy bir mahsuslygydyr,
aýratynlygydyr, eger isleseňiz, häsiýetidir.
Üç sany flipçarty alyň-da, olaryň her birisinde şu aşakdaky adalgalary ýazyň we olary ara
alyp maslahatlaşyň:
џ Maýyplygyň lukmançylyk modeli (2-5 minut)
џ Maýyplygyň haýyr-sahawat modeli (2-5 minut)
џ Maýyplygyň durmuş modeli (2-5 minut)
Her birinde ýokarda agzalan modelleriň mysal getirilen üç kolonkaly jedweli peýdalanyňda, çagalara jedweliň galan gözlerini öz mysallary bilen doldurmagy teklip ediň.
Alyp baryjy üçin bellik: pikir alyşmada esasy ünsi maýyplygyň durmuş modeline
gönükdiriň, beýleki iki görnüşine ýüzleý degip geçseňiz hem bolýar.
22
Toparyň agzalaryndan ýokarda getirilen adalgalaryň nämäni aňladýandygyny soraň.
Adalgalaryň şu aşakda berlen kesgitlemelerini peýdalanyp, çekeleşikli pikir alyşmany
guraň. Şunda Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýanyň
binýadynda maýyplygyň hut durmuş modeliniň goýlandygyny nygtaň we durmuşda duş
gelýän sosial we emeli böwetleriň aradan aýrylan ýagdaýynda hemme adamlaryň doly
suratda durmuşa goşulyp, jemgyýetiň işjeň agzalaryna öwrülip biljekdigi barada
delillendirip gürrüň beriň. Bu ýerde maýyplyga bolan ozalky garaýyşlar barada hemişe
ýatlamalydygyny, geçmişiň ýalňyşlyklaryndan netije çykaryp, geljegi kämilleşdirmelidigini
nygtamak zerurdyr.
Maýyplygyň lukmançylyk modeli
Ozallar maýyplyga saglyk ýetmezçiligi ýa-da kesel hökmünde garalardy we ony hökmany
suratda bejermeli diýen pikir ýörgünli boldy. Maýyplygyň bu modelinde synasynda şikes
bolan adamy agyr hassa hasaplaýardylar we onuň saglygyny bejermeli diýen netijä
gelinýärdi.
Adamlaryň köpüsi maýyplygy lukmançylyk bejergisi bilen ýeňip
bolýandygyna ynanýarlar. Şeýle adamlar maýyplyga adamy daş-töwerekdäkilerden,
tutuş jemgyýetden aýrylaýan hadysa hökmünde garamaýarlar. Tersine, olaryň pikiriçe,
ähli zadyň sebäbi adamda bar bolan “kynçylykda” we ony düzetmekde jemlenendir.
џ Maýyplyk – elbetde, bu oňlulyk däl.
џ Maýyplyk – bu adamyň şahsy kynçylygy: ol adamyň özüne degişlidir, ony çözmek hem
onuň özüne galýar.
џ Kynçylygy aňsatlaşdyryp biljek zat – adamy bejermek ýa-da onuň maýyplygyny mümkin
boldugyça göze ilmezek etmekdir.
џ Maýybyň köpçülige öwrenişmegine we orun edinmegine diňe hünärmenler/öz işine
ussatlar kömek edip bilerler.
Sapaga gatnaşyjylara şu aşakdaky sowallary beriň:
џ Maýyplygyň lukmançylyk modeliniň synasy şikesli adamlara ýetirýän zeleli nämede?
џ Maýyplygyň lukmançylyk modeli synasy şikesli bolan adamlaryň hukuklaryny nädip
goldaýar?
џ Maýyplygyň lukmançylyk modeliniň synasy şikesli adamlaryň sylag-hormatynyň
artmagyna täsir edýärmi?
Maýyplygyň haýyr-sahawat modeli
Il içinde maýyplygy bolan adamlaryň ejiz, kömege mätäç bolýandygy baradaky
pikir ýörgünli bolupdyr. Adamlar maýyplygy bolan adamlara öz garaýyşlaryny
üýtgedenden, olara rehim-şepagat, dözmezlik edenlerini has ýerlikli hasaplaýarlar.
Emma şuny bilip goýuň – maýyplygyň dürli görnüşlerine sezewar bolan adamlar hem
beýlekiler bilen des-deňdir. Olar siziň haýyr-sahawatyňyza mätäç däl. Olar özlerine deň
göz bilen garalaryna garaşýarlar.
Sapaga gatnaşyjylara şu aşakdaky sowallary beriň:
џ Maýyplygyň haýyr-sahawat modeliniň maýyplygy bolan adamlara ýetirýän zeleli
nämede?
џ Maýyplygyň haýyr-sahawat modeli maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny nädip
goldaýar?
џ Maýyplygyň haýyr-sahawat modeli maýyplygy bolan adamlaryň sylag-hormatynyň
artmagyna täsir edýärmi? Olaryň mümkinçiliklerini giňeldýärmi?
23
Maýyplygyň durmuş modeli
Maýyplygyň bu modeli adamyň özünde bar bolan hukuklaryny amal etmegiň
jemgyýet ýa-da daşky gurşaw tarapyndan döredilen böwetlikleri ýeňip geçmäge
gönükdirilendir. Durmuş modeli öz içine maýyplygy bolan adamlara mähribanlygy
höweslendirmegi, daşky gurşawyň hemmelere deň derejede elýeterli bolmagy üçin
ony kämilleşdirmäge, aýdylýan maglumatlaryň hemmelere düşnükli hem golaý
bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri alyp biler.
џ Maýyplyk – kemçilik däl-de, her bir adama mahsus bolan jyns (ýagny, sen oglan
ýa-da gyz bolup bilersiň), teniniň reňki ýaly bary-ýogy bir aratapawutdyr.
џ Maýyp bolmak – gowulyk ýa-da erbetlik däl-de, bu seniň öz bolşuňdyr. Adam
maýyplygy saýlamaýar, ondan ýüz öwrüp bilmeýär.
џ Maýyplaryň hukuklaryny berjaý etmekden boýun gaçyrýan jemgyýet bikemaldyr.
џ Maýyplygy bolan adamlaryň köpçülige doly suratda goşulyşmagy üçin biz öz
aňymyzy, kabul eden kadalarymyzy, maýyplyga bolan garaýşymyzy, gerek bolsa –
hat-da binadyr desgalarymyzy (maýyplar olara arkaýyn girip biler ýaly)
özgertmelidiris.
џ Elbetde, bu özgerişlikleri amala aşyrmak ilki bilen ýurduň hökümetiniň paýyna
düşýändir, emma maýyplygyň dürli görnüşlerine duçar bolan uly adamlaryň we
ýaşlaryň özleri, olaryň ata-enesi, maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goraýan
wekiller we çaga hukuklary ugrunda göreşýän guramalar hem bu ugurda köp zatlary
bitirip bilerler.
џ Elýeterlilik ýörelgesi köp adamlara, şol sanda göwreli aýallara, has körpeje
çagalara, ýaşy gartaşan kişilere, agyr iş bilen meşgullanýan ýa-da agyr ýükleri
çekýän adamlar üçin hem ýagşylygyň ulusy bolar.
Sapaga gatnaşyjylara şu aşakdaky sowallary beriň:
џ Maýyplygyň durmuş modeliniň lukmançylyk ýa-da haýyr-sahawat görnüşlerinden
düýpli aratapawudyny görkeziň.
џ Maýyplygyň durmuş modeli synasy şikesli adamlaryň hukuklaryny nädip goldaýar?
џ Maýyplygyň durmuş modeli maýyplygy bolan adamlaryň sylag-hormatynyň
artmagyna täsir edýärmi? Olaryň mümkinçiliklerini giňeldýärmi?
Çeşmesi: “Adam hukuklary. HAWA!: maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary ugrunda
hereket etmek we olary wagyz etmek”, Adam hukuklary boýunça gorlar merkezi,
2007; we “Çagalar öz-özüne aklawçydyr”; bu barada has giňişleýin
www.humanrightsyes.org we
www.familyvoices.org/fvkasa_org/resources/files/history-model.html saýtlarynda
okap bilersiňiz.
II TAPGYR: Sapagyň jemini jemlemek (5 minut)
Maýyplygyň ýokarda garalan modelleriniň üçüsine gysgaça syn beriň. Şunda
maýyplygyň durmuş modelinde has giňişleýin durup geçiň, her bir adamyň durmuşda
tutýan öz ornuny özi saýlaýandygyny, eger islese, daşky gurşawy özi we beýlekiler
üçin has amatly edip bilýändigini nygtap aýdyň. Şeýle-de, çagalara eýýäm geljekki
sapaklarda durmuş hadysalaryna bolan garaýyşlar we elýeterlilik düşünjesi
dogrusynda has giňişleýin bilim beriljekdigini duýduryň.
24
Sapakda esasy üns bermeli ýerler:
BMG-niň Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasy
maýyplygyň durmuş modelini binýat edinendir.
Maýyplyk – ynsan köpdürlüliginiň bary-ýogy bir parçasydyr.
Jemgyýet yzygiderli öz-özüni kämilleşdirip, her bir agzasynyň köpçülige doly goşulyp
bilmegini üpjün etmelidir.
Biz maýyplygy bolan adamlar hakyndaky öz garaýyşlarymyzy hem, beýlekileriň pikirini
hem gowulyga tarap üýtgedip bilýändiris we üýtgetmelidiris.
Sapagy guramak üçin goşmaça gorlar: “Bir suratyň parçasy bolmak”; bu
barada www.childrenthepicture.org.uk/au_socialmodek.htm. saýtynda has giňişleýin
maglumat alyp bilersiňiz.
Işiň barşy
25
II bap. Ynsan mertebesine
hormat goýmak.
26
Deňlik we kemsitmeler ýol bermezlik
4-nji madda. Umumy borçlar
Maýyplygyň dürli görnüşlerine duçar bolan adamlaryň ýekejesini hem kemsidýän
kanunlar asla bolmaly däldir. Gerek bolan ýagdaýynda ýurtlaryň hökümetleri
maýyplygy bolan adamlara hukuklaryny goraýan täze kanunlary işläp taýýarlamalydyr
we güýje girizmelidir. Eger-de ýurduň köne kanunlary ýa-da urp-adatlary maýyplygyň
dürli görnüşine duçar bolan adamlaryň azda-kände kemsidýän bolsa, ýurduň
hökümeti şol kanunlary ýa-da adatlary kämilleşdirmegiň ýoluny gözlemelidir. Şeýle
kanunlary döwrebap derejede özgertmek işinde döwletleriň hökümetleri maýyplygy
bolan çagalaryň hukuklaryny goraýan guramalar bilen maslahatly hereket etmelidir.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk barada”, UNICEF, 2008-nji ýylyň aprel aýy.
5-6-njy maddalar: Deňlik, kemsidilmezlik we jynslaryň deňhukuklygy
Döwletleriň hökümetleri her bir adamyň kanunlaryň mäkäm goragynda durýandygyny
ykrar etmelidir we ýurtda kabul edilen kanunlaryň onuň her bir raýaty babatynda deň
derejede täsir etmegini üpjün etmelidir. Döwletleriň hökümetleri maýyplygyň dürli
görnüşleri bolan oglanlaryň we gyzlaryň her hili kemsidilmelere ýygy-ýygydan duçar
bolýandygyny boýun alýarlar.
Şol sebäpden hem hökümetler adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrunda
tagallalaryny birleşdirmek baradaky
ylalaşyga geldiler.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk barada”,
UNICEF, 2008-nji ýylyň aprel aýy.
27
Deňligiň käbir mysallary
Her bir adam bilim almaga haklydyr. Eger-de mekdepde okaýan çagalar ýörite okuw
kitaplaryndan peýdalanýan bolsa, ýurduň hökümeti görüşi pes ýa-da düýbünden görüp
bilmeýän çagalar arkaýyn okar ýaly harplary iri ýa-da Braýlyň elipbiýinde ýazylan
kitaplaryň bolmagyny üpjün etmelidir. Şeýdilen ýagdaýynda okuwda okadylýan
maglumatlar her bir adama elýeter bolar. Okuwda öwredilýän maglumatlary hemmelere
deň derejede elýeterli etmegiň pes çykdajyly usullarynyň hem bardygyny aýtmak gerek,
meselem, sapakda çagalaryň haýsy hem bolsa biri okuw kitabynda berilýän maglumatlary
sesli gaýtalap biler ýa-da bu ses magnit lentasyna ýazylyp, okuwçylara yzygiderli diňledilip
bilner.
Esaslandyrma we syn
Okuw sapaklarynyň indiki tapgyry oňa gatnaşyjylary adamlaryň deňligi we kemsidilmezligi
ýörelgesiniň gymmaty bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Bu sapaklaryň usulyýeti
okuwçylarda öňe sürülýän ýörelgeleriň düýp manysy we deňlik binýadynyň
arabaglanyşygy, kemsidilmezlik we sylag-hormat goýmak kadasynyň sogaply hümmeti
baradaky düşünjäni kemala getirmegi maksat edinýär.
Umumy maksatlar we wezipeler
Sapaklaryň netijesinde okuwçylar şu endikleri edinerler:
џ Kemsidilmek hadysasynyň düýp mazmunyna göz ýetirerler.
џ Maýyplyga degişli myş-myşlaryň we ters düşünjeleriň asyl manysyna göz ýetirerler.
џ Deňlik ýörelgesine aň ederler.
џ Her bir adamyň köpçülige arkaýyn goşuluşmagynda hemmeleri deň derejede sylamak
hem hormatlamak ýörelgesine baha bermegi öwrenerler.
џ Hemme adamlaryň doly bahaly we mynasyp ýaşamagy üçin şert döretmegiň ýolugurlaryny öwrenerler.
Sapagyň göz öňünde tutulýan dowamlylygy:
4 sagat 10 minut
A.
B.
C.
D.
A.
Sapagy guramagyň baş ugurlary
Kemsitmeler
Myş-myşlar we ters garaýyşlar
Sylag-hormat
Deňhukukly gatnaşyk we goşuluşmak
Adam mertebesini kemsitmek
Sapagyň gysgaça beýany:
Okuw sapaklarynyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň kemsitmeler diýen düşünjä we olaryň
adam göwnüne ýetirýän ýaramaz täsirlerine göz ýetirerler.
28
Maksady:
Okuw tamamlanýança sapaga gatnaşyjylar adamy kemsitmegiň dürli görnüşlerini
tanamagy öwrenerler.
Dowamlylygy:
1 sagat 20 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Kiçi toparlarda dürli çäreleri guramak we umumy toparda çekeleşikli pikir alyşmak
Sapak üçin peýdalanylýan esbaplar:
Hiç zadyň zerurlygy ýok.
Işiň barşy:
I TAPGYR. Giriş (5 minut)
Sapagyň başynda toparyň agzalaryna “Maýyplygy bolanlygy sebäpli kemsitmek”
jümlesiniň adamy onda maýyplygyň haýsydyr bir görnüşiniň barlygyny bahanalap
jemgyýetçilik durmuşyndan çetleşdirmegi, oňa adalatsyz garamagy aňladýandygyny
düşündiriň. Dürli kemsidilmeler uzagyndan ilatyň tutuş bir gatlagynyň ezilmegine getirip
bilýän ýowuz daramalaryň we diýdimzorlugyň döremegine sebäp bolup bilýändir.
Okuwçylara dünýäde dürli adamlaryň jynsyny, ýaşyny, teniniň reňkini, din-ygtykatyny,
milletini, dilini, jyns ugrukmalaryny ýa-da maýyplygyny bahanalap, dürli kemsidilmelere
sezewar edilýändigini aýdyp beriň; häzirki sapakda bolsa, şol kemsidilmeleriň adamyň
göwnünde döredýän oňaýsyz duýgylary barada gürrüň alnyp baryljakdygyny duýduryň.
Şunlukda, okaýan topara adamlaryň dürli häsiýetli aýratynlyklaryna laýyklykda aýry-aýry
toparlara bölünip bilýändigini, emma şol toparlara degişlilik adamyň şahsyýetini asla
kesgitläp bilmeýändigini düşündirmek gerekdir. Şu sapagyň geçirilmeginiň özüniň hem
baş maksady adamlara belli bir häsiýetli tarapyny nazara alyp, belli bir topara degişli
etmegiň özüniň düýbünden ýalňyşdygyny aýdyňlaşdyrmakdan ybaratdyr. Sapak başdan
aýaga çenli bir esasy pikiriň sapagyna düzülmelidir: her bir adam tutuş bir dünýädir, onuň
şahsyýetine, mertebesine bolmalysy ýaly hormat goýsak, deň göz bilen garamagy
başarsak, kemsidilme diýlen zat asla orun almaz.
II TAPGYR. Kiçi toparlarda işlemek (45 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan 4-5 adamdan ybarat bolan toparlara bölünmegi haýyş ediň.
Soňra bolsa toparlara şu aşakdaky ýumuşlary tabşyryň:
1.
Özüňizi haýsydyr bir häsiýetli tarapyňyz boýunça belli bir topara degişli etmegi göz
öňüne getirip görüň (şol bir adam bir däl-de, birnäçe toparlara hem degişli edilip bilner, buda ýalňyşlyk däldir). Siz – erkek kişimi ýa-da aýal maşgala? Maýyplygyňyz barmy?
Haýsydyr bir dini akymlara özüňizi degişli saýýarsyňyzmy?
2.
Özüňizi haýsydyr bir topara degişli hasaplanyňyzda nämäni göz öňünde
tutýarsyňyz? (Ulumsylygy, kynçylygy/ezýetleri, ýygralygy?)
3.
Kiçi toparyňyzyň çäklerindäki adamlar bilen özüňizi degişli hasaplaýan
bileleşigiňiziň oňat häsiýetli taraplary barada gürrüň beriň. Şunda adaty adamlary özüňizi
degişli saýýan toparyňyz barada bilinmeýän ýa-da ähmiýet berilmeýän taraplar
dogrusynda has giňişleýin tanyşdyryň.
4.
Kiçi topardaşlaryňyz bilen bile özüňize ýowuz daralýan ýa-da kemsidilýän
ýagdaýlar barada pikir alşyň.
5.
Şeýle kemsidilmeleriň özüňize ýetirýän täsiri, şunda başdan geçirýän
duýgularyňyz barada gürrüň beriň. Siziň özüňize we özüňiz ýaly topardaşlaryňyza ezýet
baryny beren adamlaryň haýsy pikirde, nähili garaýyşda bolandygy barada oýlanyp görüň.
Şeýle adamlar haýsy ýaramaz myş-myşlara ýan berip bildikäler?
6.
Özüňizi degişli hasaplaýan toparyňyzyň adamlaryna haýsy zadyň hiç haçan
edilmezligini arzuwlaýarsyňyz?
7.
Özüňizi degişli hasaplaýan toparyňyzyň asylly häsiýetlerini adamlara wagyz
etmekde siziň özüňiz näme edip biljek?
29
III TAPGYR. Umumy toparda çekeleşikli pikir alyşmak (30 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan umumy topara dolanyp barmagy teklip ediň. Olara kiçi
topardakalar pikir alşylan meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy hödürläň. Şunda şu
aşakdaky ugurlara aýratyn üns beriň:
џ Beýleki toparlar barada siz näme gowy zatlary bildiňiz?
џ Maýyplygyň dürli görnüşleri bolan adamlar düýpli kemsidilmelere duçar edilýän eken.
џ Bir adamlaryň beýlekileri haýsydyr bir bahana arap kemsitmeginiň düýp sebäbi
ilçilikde ters pikirleriň, yrymlaryň, ynançlaryň orun almagyndan gözbaş alyp gaýdýar.
Okuwçylara mundan beýläk olaryň özüniň hem hiç-hili kemsitmelere ýol bermezligi,
beýlekiler tarapyndan şunuň ýaly ýaramaz ýagdaý ýüze çykaýanda-da, dessine öňüni
almakda jogapkärçiliginiň uludygyny duýduryň.
Aýratyn üns bermeli ýerler:
Maýyplygyň dürli görnüşleri bolan adamlar özleriniň kemsidilýändiginden ejir
çekýärler.
џ Adamyň özünde bar bolan haýsydyr bir hukugyndan aýrylanmagy kemsidilme bolup
durýandyr.
џ Her bir adamyň kemsidilmäniň öňüni almakdaky jogapkärçiligini nygtaň we ony bu
edebe höweslendiriň, emma şol bir wagtyň özünde bu işiň zorluga däl-de, diňe paýhasa
bil baglamalydygyny pugta nygtaň.
џ
A.
Myş-myşlar we ters garaýyşlar
Sapagyň gysga beýany:
Okuwyň bu tapgyrynyň baş maksady adamlaryň arasynda maýyplygyň dürli
görnüşlerinden ejir çekýän adamlar babatynda ýörgünli bolan ters pikirleri, myş-myşlary
we olaryň synasy şikesli adamlaryň durmuşyna edýän täsirini düýpli seljermekden
ybaratdyr.
Maksady:
Sapak geçilensoň, oňa gatnaşyjylar ozal özleriniň hem maýyplygyň dürli görnüşlerine
duçar bolan adamlar barada gulak goýan we çyny bilen ynanan käbir yrymlarynyň we
myş-myşlarynyň düýbünden ýalňyşdygyna göz ýetirerler.
Dowamlylygy:
1 sagat
Sapagy alyp barmagyň usulyýeti:
Umumy toparda çekeleşikli pikir alyşmak we kiçi toparlarda işi guramak .
Peýdalanylýan esbaplar:
Fotosurat, mekdep tagtasy we hek bölejikleri ýa-da flipçartlar we flomasterler.
30
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş we kiçi toparlarda işlemek (25 minut)
Sapaga başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylara kemsidilmäniň düýp manysyny düşündiriň;
olara köp halatda adamlary kemsitmek üçin düýbünden ýalňyş garaýyşlara, pes
düşünjelere, ters pikirlere bil baglanýandygyny aýdyň. Toparyň agzalarynyň birinden
“Maýyplygy bahanalap kemsitmeklik” kesgitlemesini tutuş topara sesli okap bermegi
haýyş ediň:
“Maýyplygy bahanalap kemsitmekligiň” manysy adamda maýyplygyň haýsydyr bir
görnüşiniň bardygyny ýa-da şol adamyň haýsydyr bir hereketleri etmäge ýagdaýynyň
ýoklugyny bahanalap, ony köpçülikden düýpli aýrylamagy ýa-da adalatsyz çetleşdirmegi
aňladýar.
Gatnaşyjylardan 4-5 adamdan ybarat bolan toparlara bölünişmegi haýyş ediň we olara
köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden (gazetlerden, žurnallardan), degişme äheňli
neşirlerden, okuw kitaplaryndan we ş.m. kemsitmeler dogrusynda söz açýan asylly we
ýaramaz mysallary, wakalary, hadysalary, suratlary) bir ýere ýygnamagy teklip ediň.
Alyp baryjy üçin bellik: saýlanyp alnan wakalar hem suratlar jemgyýetiň islendik
gatlagyna degişli bolan adamlaryň (meselem, çagalaryň, ulularyň, maýyplygy bolan ýada gartaşan adamlaryň we ş.m.) duçar edilýän kemsidilmeleri dogrusynda söz açyp biler.
Toparlara şu aşakdaky meseleler boýunça çekeleşikli pikir alyşmagy teklip ediň:
Özüňiziň okaýan mekdebiňiziň ýa-da gatnaşýan jemagatyňyzyň aýrylmaz bir bölegi
bolup durýan dürli toparlar barada pikir öwrüp görüň.
џ
Özüňiziň okaýan mekdebiňizde ýa-da gatnaşýan jemagatyňyzda ýörgünli bolan
adamkärçilikli garaýyşlar hem-de ýaramaz yrymlar barada pikirlenip görüň.
џ
џ
Kiçi toparlara bolan degişliligiň ýa-da oňa mahsus aýratynlyklaryň bahana edilip,
adamlaryň özüňiziň okaýan mekdebiňizde ýa-da gatnaşýan jemagatyňyzda
kemsidilmeginiň käbir mysallaryny ara alyp maslahatlaşyp görüň.
џ
Kiçi toparlara bolan degişlilik ýa-da oňa mahsus aýratynlyklaryň bahana edilip,
adamlaryň özüňiziň okaýan mekdebiňizde ýa-da gatnaşýan jemagatyň položitel
tapawutlandyrylmagynyň, ýagny, olara aýratyn hukuklaryň we ýeňillikleriň berilmeginiň
käbir mysallaryny ara alyp maslahatlaşyň.
џ Şeýle ýagdaýlaryň aýry-aýry adamlara we tutuş topara edýän täsiri dogrusynda pikir
alşyň.
II TAPGYR. Umumy toparda çekeleşikli pikir alyşmak (25 minut)
Hemme adamlaryň deň hukuklara eýe bolmalydygyny berkarar edýän deň mümkinçilikler
konsepsiýasyny göz öňüne getirip görüň.
31
Alyp baryjy üçin bellik: has düşnükli bolar ýaly şeýle mysaly getirip görüň: aýdaly, dürli
janly-jandarlar (meselem pil, düwlen, maýmyn, pişik we balyk) dünýäniň köpdürlüligi,
adalat we deňlik baradaky meselelere has aýdyň göz ýetirmek üçin baga münüp görmeli
ekeni. Şu ýagdaýda jandarlaryň barysyna berlen ýumşuň deňdigine, emma, ony ýerine
ýetirmekde olaryň her biriniň ukyp-başarnygynyň düýpli tapawutlanýandygyna göz
ýetirmek kyn däl. Ýaňky sanalan jandarlaryň käbirisine baga münmek o diýen kyn
düşmez, beýlekilere bolsa bu asla başartmaýar. Hemmeleriň köpçülige deň derejede
goşuluşmagyny islänimizde-de, biz her bir adamyň hajatlaryny we başarnygyny göz
öňünde tutmalydyrys.
Agzalan konsepsiýany düşündirmek üçin beýleki mysallardan hem peýdalanyp bilersiňiz.
Eger-de siz munuň üçin surat şekillerini ulanýan bolsaňyz, toparyň düzüminde bolsa
görüşi pes ýa-da batyl çagalar bar bolsa, ýörite şolar üçin şekilleri sada dilde teswirlemegi
ýatdan çykarmaň. Ýüzugra siz çagalardan olaryň öz durmuşyndan hemmelere deň
mümkinçilikleriň döredilmegi dogrusyndaky mysallary getirmegi teklip ediň.
Mysallar:
џ Dünýä ýaňy inen çaga özbaşdak önüp-ösüp bilenok, ulalmak üçin ol enesini emmeli,
ejesini mährini duýmalydyr.
џ Görüşi pes çagalar beýlekiler bilen deň okamak, bilim almak üçin äýnek geýmeli
bolýarlar.
Sapaga gatnaşyjylardan hemmelere deň mümkinçilikleri döretmegiň beýleki ýol-ugurlary
barada mysal getirmegi teklip ediň, şol mümkinçilikler elýeter bolar ýaly nämäniň
edilmeginiň zerurdygyny soraň.
III TAPGYR. Sapagyň jemini jemlemek (5 minut)
www.humanrightsyes.com internet saýtynda okap bilersiňiz.
Kemsitmelere sezewar etmekde bahana tutulýan käbir myş-myşlaryň, ters garaýyşlaryň
we yrymlaryň kemsidilýän adamlaryň, şol sanda synasy şikesli adamlaryň hukuklaryna
ýetirýän ýaramaz täsiri baradaky
jemleýji pikiri orta atyň.
Şunda jemgyýetçilik pikiriniň,
garaýyşlaryň düýpli
üýtgedilmelidigini nygtaň we
eýýäm üýtgedileni bar bolsa,
olary hökman mysal getiriň.
Ahyrynda bolsa şol
myş-myşlary, ters yrymlary
aradan aýyrmakda, her bir
adamyň jemgyýetiň deňhukukly
agzasy hökmünde kabul edilmegini
gazanmakda biziň her birimiziň
şahsy goşandymyzyň
bolmalydygyny berkden berçinläň.
32
A.
Sylag-hormat etmek.
Sapagyň gysga beýany:
Okuwyň bu tapgyrynda oňa gatnaşyjylar sylag-hormat etmek ýörelgesini öwrenerler we
onuň deňlik düşünjesi bilen baglanyşygyny seljererler.
Maksady:
Sapagyň ahyryna çenli oňa gatnaşyjylar sylag-hormatyň düýp manysyna göz ýetirerler we
adamlara sylag-hormat goýmagyň nämedigine oňat düşünerler. Okuwa gatnaşyjylara
ynsan mertebesini sylamagyň deňligiň esasy şerti, binýady bolup durýandygy
düşündiriler.
Dowamlylygy:
35 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumylykda pikir çekeleşmesini geçirmek we umumy toparda maslahatlaşmalary
guramak
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek bölekleri ýa-da flipçartlar we flomasterler
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş (5 minut)
www.thechildrenshospital.or/wellness/info/kids/20760.aspx internet saýtynda maglumat
alyp bilersiňiz.
Toparyň agzalaryna kemsitmelerden azat, deňhukukly dünýäni gurmak üçin hemme
adamlar biri-birine sylag-hormat bilen garamalydygyny aýdyň
Birek-birege bolan sylag-hormat beýleki adamlary olaryň bolşy ýaly, olaryň özüňizden
tapawutlanýandygyna, başga dine uýýandygyna, beýleki bir ýurtdan gelendigine
garamazdan, açyk göwünlilik bilen kabul etmegi aňladýandyr. Beýleki adamlaryň özüňize
nähili garamagyny isleýän bolsaňyz, siz hem beýlekilere şonuň ýaly garaň – sylag şoldur.
Çeşmesi: “Köpdürlüligiň, köne yrymlaryň we sylag-hormatyň kesgitlemesi”,
Ç a g a h a s s a h a n a s y, 2 0 0 4 ; b u b a r a d a h a s g i ň i ş l e ý i n
www.thechildrenshospital.or/wellness/info/kids/20760.aspx internet saýtynda maglumat
alyp bilersiňiz.
II TAPGYR. Umumylykda pikir çekeleşmesini geçirmek (25 minut)
Okuwçylar toparyna häzirki sapakda “sylag-hormat” bitewi düşünjäniň öwreniljekdigini, bu
adalganyň topar babatyndaky ähmiýetine garaljakdygyny düşündiriň. Sylag-hormatyň
manysyna has aýdyň göz ýetirer ýaly, “sylag-hormat” diagrammasynyň
taýýarlanjakdygyny aýdyň.
33
Toparyň agzalaryna özüniň sylaýan adamy barada pikir etmegi soraň (sylanýan adam
maşgalanyň tanyşy, dost-ýarlaryň biri, öňbaşçylygy oňarýan adam we ş.m. bolup biler).
Okuwçylardan şol adamyň näme üçin aýratyn sylanýandygyny soraň.
Mekdep tagtasynyň ýa-da ak kagyzyň ýüzünde bir tegelegi çekiň we içinde “sylaghormat” diýip ýazyň. Soňra bolsa şu aşakdaky sowallara jogap beriň:
џ Kimdir birini sylamak diýip nämä düşünýärsiňiz?
џ Sylaýan-hormat goýýan adamyňyz barada pikir edeniňizde, haýsy sözler dile gelýär?
џ Maýyplygyň dülri görnüşinde bolan adamlara bolan sylag-hormatymyzy biz nähili
beýan edýäris?
Sylag-hormat etmegiň bir mysalynyň diagrammasy:
Sapagyň şu ýerinde okuwçylar bilen bilelikde hemme çagalara – olarda bar bolan ukypbaşarnyga ýa-da şol başarnyklaryň asla ýoklugyna garamazdan – mahsus bolan
umumylyklar, meňzeşlikler barada pikir alşyň.
Meselem, çagalaryň hemmesi-de söýüp bilýärler we özlerine mähirli garalmagyny
isleýärler; olar hemişe-de birek-birege habar gatyp dostlaşýarlar, öz oňarýan zadyny
beýlekilere öwredýärler hem öwrenýärler.
34
III TAPGYR. Umumy toparda pikir alyşmak. (5 minut)
Çagalara ýüzlenip, özlerine sylaşyksyz garalanda, ýowuz daralanda haýsy duýgulary
başdan geçirýändigi, näme hereket bilen jogap berýändigi barada soraň.
Her bir adamyň sylaga-hormata mynasypdygyny, öz dost-ýarlary, maşgalasy, jemagaty
we döwleti/hökümeti tarapyndan sylanmaga doly haklydygyny sada dilde düşündiriň.
Sylag-hormat hemişe ikitaraplaýyn bolmalydyr. Hormat ýürekden bolmalydyr we adalata
gulluk etmelidir, diňe şonda deňligiň binýady bolup ýüze çykýandyr.
Sapakda esasy üns bermeli ýerler:
џ Birek-birege mahsus aratapawutlyklary/her bir adamyň şahsy aýratynlygyny sylamaklyk
deňligiň hem deňhukuklylygyň düýp binýadydyr.
џ Her bir adam sylag-hormata mynasypdyr.
џ Her bir adam jemgyýetiň kämilleşmegine özüniň şahsy goşandyny goşup bilýändir.
D.
Köpçülige deň derejede goşulyşmak.
Sapagyň gysgaça beýany:
Okuwyň bu tapgyry oňa gatnaşyjylary gündeki durmuşa goşulyşmak diýen düşünjäniň
manysy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir we adamlaryň arasyna deňligiň berkarar
bolmagynyň hatyrasyna muňa päsgel berýän hadysalaryň aradan aýrylmagynyň
zerurlygyny açyp görkezer.
Maksady:
Sapagyň ahyryna çenli oňa gatnaşyjylar daşky gurşawda özara garyşyp-gatyşylmagyna
dürli päsgelçilikleriň bardygyna göz ýetirerler we ählumumy deňligi gazanmakda olary
aradan aýyrmagyň zerurlygyna düşünerler.
Dowamlylygy:
1 sagat 15 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak, bilelikde çekeleşikli maslahatlaşmalary guramak we kiçi
toparlarda işlemek
Peýdalanylýan serişdeler:
Flipçartlar we flomasterler
ýa-da kagyzlar we galamlar.
35
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş (15 minut)
“Hemmeler üçin niýetlenen” bitewi düşünje bilen tanyşdyryşy geçiriň. Haýsydyr bir
medeniýete, teniň reňkine, jynsa ýa-da ilat toparlaryny aratapawutlandyrýan beýleki
alamatlara ünsi çekmesiz, gyradeňlik hem deňhukuklylyk manysyny berýän suratlary
çekmegi toparyň agzalaryna teklip ediň.
Jemgyýetde her bir adam özüçe ýaşaýar, bildigiçe hereket edýär.
Siziň ýaşaýan gurşawyňyz (mekdebiňiz, öý-içeriňiz, maşgalaňyz, köçäňiz, syrgynyňyz,
şäheriňiz) her bir adama deň mümkinçilikleri berjaý etmäge taýýarmydyr - pikirlenip görüň!
Ýokarda görkezilen her bir ýagdaýy jikme-jik seljerip görüň-de, şu aşakdaky sowallara
jogap gözläň:
Şu ýagdaýlary berjaý etmek üçin näme edip bolar:
џ Ýaşuly adam öýüň ýokarky gatyna basgançakdan howpsuz, arkaýyn we özbaşdak
çykmagy üçin
џ Maýyplyk arabajygynda oturan adamyň arkaýyn, hiç-hili kynçylygy çekmän hajathana
barmagy üçin
џ Batyl adamyň göni ýoly sermenmän tapmagy üçin
Şu çäreler berjaý edilende, ýene-de kimlere peýdasy deger?
Durmuşda hemme adamlaryň deň derejede jemgyýete goşuluşmagy üçin kynçylyklaryň
ýeňilýändigine, meseleleriň çözülýändigine, aladalaryň aradan aýrylýandygyna şaýatlyk
edýän oňyn mysallary getirip bolýarmy?
II TAPGYR. Umumy toparda pikir alyşmak (5 minut)
Sapaga gatnaşyjylara “kömekçi enjamlar” düşünjesi bilen birleşdirilen we durmuşda käbir
kynçylyklary çekýän adamlara gündeki ýaşaýşynda gerek bolan zatlar: haty iri edip
görkezýän güberçekli aýnadan ýa-da maýyplyk arabajygynda basgançakdan münüpdüşmäge niýetlenen pandusdan başlap, batyl adamlar üçin ýörite niýetlenen sesli okaýan
sintezatorlara çenli ýa-da daş-töweregiňizdäkileriň peýdalanýan beýleki zatlary
dogrusynda düşünje beriň.
III TAPGYR. Çekeleşikli pikir alyşmak (5 minut)
Sapaga gatnaşyjylar bilen bilelikde her bir adamyň özboluşly taraplarynyň, ukypbaşarnygynyň bardygyny ýatlaň. Soňra topary dürli mahsuslyklar esasynda aýry-aýry
toparjyklara bölüň-de, okuw sapagyna hemmeleriň deň derejede goşuluşmagyny üpjün
etmegiň ýollary barada pikir alyşyň.
Sapagyň şu ýerinde paýlanyp berilýän okuw maglumatlarynyň 2-nji bukjasyny çagalara
görkeziň ýa-da paýlap beriň. Adamlaryň dürli ukyp-başarnygy barada söhbet açýan bu
bukjanyň maglumatlary maýyplygyň dürli görnüşlerine duçar bolan adamlaryň belgiler we
aňlatmalar dilini ulanyp, Braýlyň harplygyny peýdalanyp okap bilýändigini, bilim almaga
höwesiň güýçli bolanda, hiç bir kynçylygyň päsgel bolmaýandygyny açyp görkezýär.
36
IV TAPGYR. Kiçi toparlarda işi guramak. (25 minut)
Sapaga gatnaşýanlary 4-5 adamdan ybarat bolan toparlara bölüň. Her topara özüniň
düzümine girýänleriň işe deň derejede goşulyşmagy üçin näme şertleri berjaý edip
boljakdygy barada pikirlenmegi tabşyryň. Olara şu aşakdaky sowallara jogap bermegi
teklip ediň:
Her bir adamyň durmuşa doly suratda we arkaýyn goşuluşmagy üçin näme şertler
berjaý edilse gowy bolar we adamlara bu ugurda näme goldaw berip bolar?
џ Daşky gurşawyňyzy kämilleşdirmek gereklimi, siz nähili pikirde?
џ
Gatnaşyklar has göwnaçyk/sylaşykly bolmalymy ýa-da olar ýeterlik derejede
adamkärçiliklimi?
џ Geçirilýän çäreler her bir adamyň olara goşulyşar ýaly derejede elýeter guralýarmy?
џ Hemmeler deň derejede garyşyp-gatyşyp biler ýaly, özümiziň üýtgedip biljek zadymyz
barmy?
џ
Mysallar: öz gatnaşygyňy, garaýşyňy kämilleşdirmeli, birek-birege kömek bermäge
taýýar bolmaly, gerek ýerinde kömek soramakdan çekinmeli däl, ýaşaýan ýeriňde
amatlyklary döretmeli, toparda agzybir bolmaly.
V TAPGYR. Umumy toparda pikir alyşmak (25 minut)
Kiçi toparlaryň her birisinden adamlaryň hemmesiniň deň derejede köpçülige garyşypgatyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilen usullaryň sanawyny düzmegi soraň we okuwyň
dowamynda tutuş toparyň geçirilýän sapaklara doly suratda goşulyşmak baradaky
ylalaşygyny kabul ediň.
Kiçi toparlaryň her birisiniň aýratynlykda toplan iş tejribesine seljerme beriň we toparda
işlemegiň agzybirligi pugtalandyrýandygyna, adamlaryň arasynda deňlik düşünjesini
berkidýändigine ünsi çekiň.
Sapagyň aýratyn nygtamaly ýerleri:
Sapaklar hemmeler üçin deň derejede elýeterli bolup bilýändir we bolmalydyr.
Maýyplyk – adam köpdürlüliginiň bary-ýogy bir ugrudyr. Degerli ýardam-goldaw berlen
ýagdaýynda biziň hemmämiz hem özbaşdak okap, mynasyp ýaşap, jemgyýetiň
durmuşyna doly derejede garyşyp-gatyşyp bilýändiris.
џ Çözgütler hemişe sada we berjaý etmäge aňrybaş aňsat bolup bilýändir, şonuň üçin
kyn çözgütleri gözlemegiň hajaty ýokdur.
џ
џ
Zorlukdan we sütemden / zulumdan azat bolmak
16-njy madda. Zorlukdan we mertebäni peseltmekden azat bolmak
Maýyplygyň dürli görnüşlerine sezewar bolan çagalar zorlukdan we mertebäni kemsidiji
hereketlerden (sütemden, diýdimzorlukdan mäkäm goralmalydyr). Çagalar öz öýündede, onuň daşynda-da zalymlykdan azat eýlenmelidir. Eger-de siz zorluga ýa-da kemsidiji
gatnaşyga sezewar edilseňiz, siziň kömek soramaga, özüňize garşy edilýän zorlugyň bes
edilmegini talap etmäge we saglygyňyzy hem mertebäňizi dikeltmäge hakyňyz bardyr.
Çeşmesi:”Bularyň barysy başarnyk barada” , UNISEF, 2008.
37
Esaslandyrma we syn
Şu aşakdaky gönükmeler sapaga gatnaşyjylary maýyplygyň dürli görnüşine sezewar
bolan adamlar babatynda edilýän zorluklaryň we mertebäňi kemsidiji hereketleriň manymazmunyny düşündirmek maksady bilen işlenip taýýarlanyldy. Okuwyň bu tapgyry
sapaga gatnaşýan topary özüňi howpsuz duýmagyň, zorluk-sütemiň öňüni almagyň ýada ondan sowa geçmegiň tilsimleri bilen tanyşdyrmagy maksat edinýär.
Umumy maksatlar we wezipeler
Sapaklaryň ahyryna çenli oňa gatnaşyjylar şu aşakdaky endikleri öwrenerler:
џ Zorlugyň we mertebäni kemsidiji hereketleriň (diýdimzorlugyň) dürli görnüşlerini ýüze
çykarmak we olary biri-birinden tapawutlandyrmak
џ Howpsuzlygyň adam üçin iňňän zerurdygyny beýan etmek
џ Ýaramaz ýagdaýlar bolup geçende, bu zatlary öz gözi bilen görýän adamlaryň
jogapkärçiligine göz ýetirmek we zulumy bes etdirmekde olaryň edip biljek hereketlerini
aňşyrmak
џ Zorluga we süteme asla orun bermezlik taglymyna ygrarly bolmak we bu edebi öz
okaýan mekdebiňde, ýaşaýan jemagatyňda pugta kada tutunmak
џ Maýyplyga duçar bolan adamlaryň, şol sanda çagalaryň we ýaşlaryň, zorlugyň we
mertebäni kemsidiji hereketleriň öňünde has ejiz bolýandygyny düşünmeklik
џ Zorluga we kemsidiji hereketlere paýhas bilen, zulum etmän gaýtawul bermek.
Sapagyň göz öňünde tutulýan dowamy:
3 sagat 45 minut
Esasy öwreniljek ugurlar
A.
Howpsuzlyk
B.
Zorluk we namysa degmek
C.
Duruň! Zorlugyň we ynsan mertebesini kemsidiji hereketleriň öňüne böwet
basmak
A.
Howpsuzlyk
Sapagyň gysgaça beýany:
Okuwyň bu tapgyrynda sapaga gatnaşyjylar maýyplygyň dürli görnüşine sezewar bolan
adamlaryň beýlekilere garanyňda zorlugyň we ynsan mertebesini kemsidiji sütemleriň
öňünde has ejiz bolýandygyna göz ýetirerler, özüňi howpsuz duýmagyň we howpsuzlyk
şertlerini berjaý etmegiň ýollaryna düşünerler.
Maksady:
Sapaklar tamamlanýança oňa gatnaşyjylar özüňi howpsuz duýmagyň nämeden
ybaratdygyna, okuw toparynyň sapak geçýän ýerini aňrybaş howpsuz etmegiň birnäçe
ýollarynyň bardygyna açyk-aýdyň düşünerler. Sapaga gatnaşyjylar käbir adamlaryň
özüni hemme wagt howpsuz duýup bilmeýändigine, maýyplygyň dürli görnüşine
sezewar bolan adamlaryň islendik wagtda zorluk-süteme ýa-da mertebäni kemsidýän
zuluma (zabunlyga) duçar bolmak ýabygorlulykda ýaşaýandygyny mese-mälim göz
ýetirerler.
Sapaga gatnaşyjylar şertleýin alnan ýagdaýda edilýän zorlugyň gözli şaýadyna
öwrülerler we bu sütemiň bes edilmeginiň ugruny tapmaly bolarlar.
38
Dowamlylygy:
45 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Garalýan ýagdaýlary çyna golaý edip sahnalaşdyrmak we umumy toparda pikir alyşmak
Peýdalanýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomastertler
Işiň barşy
I TAPGYR: Giriş (5 minut)
Topara her bir adamyň howpsuz ýaşamaga, zorlukdan we sütemden goralmaga
haklydygyny düşündiriň. Şeýle diýildigi, her bir adam özüni mekdepde, ýaşaýan öýünde,
köpçülikde, islän ýerinde howpsuz, arkaýyn duýmaly diýildigidir. Käbir adamlar özüne
kembaha garalýandygy, zerur bolan goldawyň özüne berilmeýändigi zerarly, zorlugyň we
zabunlygyň öňünde has ejiz gelýärler. Meselem, çaga zorluga gaýtawul berip bilmeýär,
özüne edilen sütemi aýtmaga dili ýok. Maýyplygy bolan çaga bolsa öz-özüni sütemden
goramak has hem kyn düşýär. Şeýle çaga özüne zulum salnandygy barada aýdan
ýagdaýynda-da, oňa ynamsyzlygyň edilmegi ýa-da biperwaýlyk bilen garalmagy
mümkindir. Her bir adamyň howpsuz, zorlukdan azat ýaşamagy wajypdyr. Konwensiýa
maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan adamlaryň hukuklaryny goraýandyr we olaryň
hemişe özüni howp-hatardan goralýandygyny duýup ýaşamagy, şol sanda zorluga
sezewar edilen ýagdaýynda kanun esasynda kazyýete ýüz tutup bilmegine şerleri
kesgitleýändir.
Durmuşdan alnan mysal
Mişel dünýä synasy şikesli dolguldy. Okamak, el-aýagyny gymyldatmak, hatda gürlemek
hem oňa kyn düşýärdi, alan zady elinden gaçýardy. Mişel beýlekilere garanyňda haýalrak
gürleýärdi, aýtjak sözüni wagty bilen tapanokdy. Mişeliň maşgalasy oňa mähirli garaýardy
diýip bolanokdy. Kakasy haçan görseň onuň ýeňsesine kakyp, üstüne aýylganç
gygyrardy. Mişele nahary az berýärdiler, ony iýip ýetişmänkä-de öňünden aýyrýardylar,
şol sebäpli-de ol howlugyp iýmeli bolýardy. Şeýle bolansoň, Mişel kadaly ösüp bilmeýärdi,
derrew ýadardy we öz ýaşytdaşlaryndan müçesi ownuk gelýärdi. Bu zatlar çaganyň
aňyna agram salýardy, çünki ol özüne degerli goldawyň berilmeýändigine, sütemiň
edilýändigine oňat düşünýärdi.
Çeşmesi: kitabyň ýazaryna gizlin aýdylyp berlen hekaýat
II TAPGYR: Garalýan ýagdaýlary çyna golaý edip sahnalaşdyrmak (30 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan özlerini aňrybaş howpsuz, üstüne gygyrylman, rahat hem
arkaýyn duýan ýagdaýlaryny ýadyna düşürmegi, göz öňüne getirmegi, şeýle pursatlar
barada gürrüň bermegi soraň. Çagalaryň käbirisi göwne rahat beriji ýagdaýlaryň öz
öýünde, dostunyňkyda, myhmançylykda, ybadathanada ýa-da mekdepde bolan wagty
başdan geçirýändigini aýdarlar. Beýlekiler şeýle pursatlary tenha ýeke özleri
bolanlarynda ýa-da diňe hyýalynda tapýandygyny boýun alarlar.
Şu zatlary göz öňüne getirjek boluň:
џ Kalbyňyz haýsy ýerde rahat tapýar?
џ Ýanyňyzda kim bar?
џ Siz haýsy duýgulary başdan geçirdiňiz?
39
Indi bolsa sapaga gatnaşyjylaryň hemmesinden ünsi bir ýere jemlemegi soraň we
olardan özüne sowal berlende näme barada pikir edendiklerini gürrüň bermegi teklip
ediň.
Topardan “howpsyzlygy duýup ýaşamak” düşünjesiniň özleri üçin nämäni
aňladýandygyny soraň. Berlen jogaplary tagtanyň ýüzüne ýa-da flipçarta ýazyň.
Özüňi howpsuz duýmagyň mysallary:
Üstüňe hiç kim gygyranok, seni uranok.
Özüňi aňrybaş rahat duýýarsyň.
Adamlar seniň aýdanyňy diňleýärler.
Seni sylaýarlar.
Saňa gulak asýarlar, seni sana salýarlar.
Edesiň gelmeýän zady zor bilen etdirenoklar.
Sen bagtly.
Sen gorkman ýaşaýarsyň.
џ
џ
џ
џ
џ
џ
џ
џ
III TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (10 minut)
Okuwa gatnaşyjylara ýüzlenip, olardan:”Sapak döwründe özüňizi howpsuz duýup
bilýärsiňizmi?” diýip soraň. Çagalaryň beren jogaplaryndan sapagy dowam etmekde has
ähmiýetli hasaplanyňyzy belläp alyň. Şu ýerde käbir adamlara pikirini jemlemäge,
toparyň işine goşulyşmaga has köp wagtyň gerek bolýandygyny usullulyk bilen aýdyň.
Käbir adamlara gürlemek kyn düşýär, beýlekiler hat ýazmakda kynçylyk çekip bilýär.
Toparyň agzalarynyň ünsüni bu zatlara çekiň-de, olary sapak geçirilýän şu ýeri tutuş
topar üçin rahat, howpsuz, amatly etmäge çagyryň; goý, bu ýer hemmeler üçin bilim
almaga, pikir alyşmaga aňrybaş amatly ýer bolsun; goý, her bir adam özüniň
sylanýandygyny bilsin.
Sapakda aýratyn nygtalmaly ýerler:
џ Her bir adam özüniň işleýän, ýaşaýan, dynç alýan ýerinde özüni howpsuz hem amatly
duýmalydyr.
џ Maýyplygyň dürli görnüşine sezewar bolan adamlar zorluga, ynsan mertebesini
kemsidiji hereketlere durumy iň pes topara degişlidir.
џ
Şu sapakdan çykarylan netijeler okuwyň hemme sapaklarynda saklanyp
galynmalydyr.
B.
Zorluk we sütem etmek
Sapagyň gysgaça beýany:
Okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyrynda oňa gatnaşyjylar zorlugyň, ar-namysa degiji
hereketleriň dürli göznüşlerini tapawutlandyrmagy, olara eltýän ýagdaýlaryň öňüni
almagy öwrenerler.
40
Maksady:
Sapaklaryň dowamynda toparyň agzalary zorlukda bölünýän esasy dört görnüşi
kesgitläp, olara mysal getirerler. Mundan başga-da, sapaga gatnaşyjylar käbir
adamlaryň zorlugyň, zalymlygyň öňünde has ejiz bolmagynyň sebäbine garap geçmek
bilen, sütemi we diýdimzorlugy paýhas bilen ýeňip geçmegiň, olaryň öňüni almagyň
ýollaryny ara alyp maslahatlaşarlar.
Dowamlylygy:
1 sagat 30 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy we kiçi toparlarda pikir alyşmalary guramak.
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler.
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş (15 minut)
Tagtanyň ýa-da kagyzyň ýüzünde “zalymlyk” we “namysa degmek” jümlelerini ýazyň.
Sapaga gatnaşyjylardan bu jümlelere kesgitleme bermegi soraň. Olaryň manysy
nämede?
Şu aşakdaky sowallary beriň:
џ Haýsy gatnaşyklary zorlukly diýip atlandyryp bolar? Adamy kemsitmek diýip nämä
aýdylýar?
џ Näme üçin käbir adamlaryň zalymlyga/kemsidilmelere garşy durumy has pes bolýar?
џ Çagalary zorlugyň öňünde has ejiz edýän zat näme? ( “Zalymlygyň seljermesi” atly
kitabyň çagalar üçin sada dilde ýörite işlenip taýýarlanylan neşirine seret).
џ Näme sebäpden maýyplygyň dürli görnüşine sezewar bolan çagalar we ýaşlar
zalymlykdan has beter ejir çekýärler?
џ Zalymlyk/mertebäni kemsidiji gatnaşyklardan nämeleri mysal getirip bolar? Biz olary
ýeňip geçmek üçin nämeleri edýäris?
Mysallar:
џ Beýnisi bekemedik çagalar we ýetginjekler özüni ýeterlik derejede gorap bilmänsoň,
olaryň süteme duçar edilýän ýagdaýlary has köp duş gelýär.
џ
Zalymlykdan ejir çeken çagalar we ýaşlar bolup geçen hadysa barada habar
bermäge gorkýarlar, çünki şol zalymlygy eden adama köphalatda olaryň ömri, beýleki
ýagdaýlary bagly bolup durýar.
џ Çagalar we ýaşlar döwüm çöregini, gazanjyny, iş ornuny, öýüni goldan gidermejek
bolup, özüne sütem eden adamlaryň aýbyny açmaýarlar.
џ Zorluga sataşan käbir adamlar öz ýagdaýyny düýbünden çykgynsyz hasaplaýarlar.
џ Käbir adamlaryň zorlugyň öňünde ejiz, çäresiz bolmagyna olaryň milleti, gelip çykyşy
teniniň reňki, jynsy, maýyplygy sebäp bolýar.
Çeşmesi: BMG-nyň Baş Sekretarynyň çagalar babatynda edilýän zorlyk-sütemler
boýunça geçiren düýpli barlaglary; çagalar we ýaşlar üçin sada dilde, has düşnükli
işlenip taýýarlanan nusgasy; Birleşen Milletler Guramasy.
Topara şu sapakda zalymlygyň we namysa degiji hereketleriň (kemsidilmeleriň) dürli
görnüşlerine garaljakdygyny aýdyň. Şeýle oňaýsyz ýagdaýlardan sowa geçmek, öňüni
almak, gözegçilikde saklamak üçin, ilki bilen, olaryň ýüze çykmagynyň sebäbini we
geçişini oňat bilmelidir. Hiç haçan zorlugy zorluk, sütemi zalymlyk bilen ýeňip bolmaz.
Şu sapakda oňa gatnaşyjylar zalymlygy, ulumsylygy özi ýaly zalymlyk bilen däl-de,
paýhas bien ýeňip geçmegiň tilsimlerini öwrenerler.
41
II TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (30 minut)
Topara zorluga zorluk bilen jogap berlende, ýagdaýlary diňe agyrlaşdyryp, gorky-ürküni,
dawa-jenjeli gazanyp bolýandygyny düşündiriň. Zalymlyk adamyň howuny basýar,
mertebesini kemsidýär. Onuň öňüni almak üçin, ilki bilen, nireden gelip çykýandygyny,
näme sebäpden bolýandygyny seljermek gerekdir. Çagalar babatynda edilen zulumy hiç
bir zat bilen aklandyryp bolmaýar. Döwlet çagalaryň, şol sanda maýyplygyň dürli
görnüşine duçar bolan çagalaryň zorlukdan we zalymlykdan pugta goralmagyny üpjün
etmelidir. Eger-de siziň ýurduňyz Çaga hukuklary baradaky Konwensiýany we
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýany ykrar eden bolsa, siziň
Hökümetiňiz çagalar babatynda edilýän zorluk-sütemiň öňüne ýeňilmezek böwet
basmaga borçludyr.
Haçanda bir adam bilmezlikden däl-de, bilkastlaýyn beýleki adama zyýan ýetirmek üçin
özünde bar bolan güýji ýa-da ygtyýarlyklaryny peýdalanan ýagdaýynda, zorluk-sütem
orun alýandyr. Zeleli ýetirýän we ýetirip biljek hereketleriň ediljekdiginiň ýaňzydylmagyda, şeýle hereketleriň hakykat ýüzünde edilmegi-de zorluga deň derejede degişli
bolýandyr. Düýpli zelel adamyň diňe bir saglygyna ýa-da durmuş abadançylygyna dälde, eýsem onuň tutuş synalaryna hem aňyna zyýan ýetirilip bilinýändir.
Çaga babatynda beýan edilen zabunlykly/mertebäni kemsidiji gatnaşyk islendik
görnüşde, şol sanda sana salmazlyk, bedenine, aňyna şikes ýetirmeklik, zorluk bilen jyns
gatnaşygyna çekmeklik ýaly ýaramaz görnüşlerde-de bolup biler we köp halatda zorluga
sezewar edilen çaganyň garamatyny öz üstüne alan, oňa gözegçilik edýän ýa-da onuň
üstünde aýlanmaga ygtyýary bolan adamlar tarapyndan ýol berilýär. Şol adamlara
çaganyň dolulugyna ynanýandygy, bil baglaýandygy ýagdaýlary has hem agyrlaşdyrýar.
Zorlugyň we mertebäni kemsidiji hereketleriň käbir mysallary:
џ Adamyň üstünden gülmek/howuny basmak (çagalaryň öz arasynda), köplenç,
mekdepde orun alýar.
Gyz we oglan doganlaryň arasynda bolup geçýän zorluk-sütem
Ene-atanyň öz çagasyna diýdimzorluk etmegi
Çaga kembaha garalmagy, onuň sana salynmazlygy, çetleşdirilmegi
Çaganyň zorluk bilen jyns gatnaşygyna çekilmegi we zalymlyga duçar edilmegi
џ
џ
џ
џ
Alyp baryjy üçin bellik: BMG-niň Baş Sekretarynyň çagalar babatynda edilýän zorlyksütemler boýunça geçiren düýpli barlaglary; çagalar we ýaşlar üçin sada dilde, has
düşnükli işlenip taýýarlanan nusgasy; Birleşen Milletler Guramasy, 2006.
Zalymlyk we mertebäni kemsidýän hereketler nirede orun alyp bilýär:
џ Öýde
џ Mekdepde ýa-da beýleki okuw edarasynda
џ Çagalar öýi, zyndan ýa-da adam azatlygyny çäklendirýän beýleki ýerlerde, meselem,
polisiýa tarapyndan tussaga alynýan ýaly ýöriteleşdirilen ýerlerde
џ Iş ornunda
џ Ýaşaýan jerinde, deň-duşlarynyň arasynda
42
Çeşmesi: BMG-nyň Baş Sekretarynyň çagalar babatynda edilýän zorlyk-sütemler
boýunça geçiren düýpli barlaglary; çagalar we ýaşlar üçin sada dilde, has düşnükli işlenip
taýýarlanan nusgasy; Birleşen Milletler Guramasy.
Tagtanyň ýa-da kagyzyň ýüzünde şu aşakdakylary ýazyň:
Zalymlygyň görnüşleri:
1.
2.
3.
4.
Tene şikes salmak
Söz bilen/duýga/aňa zorluk etmek
Adamyň hukuklaryny bozmak, oňa kembaha garamak
Başga bir adamy öz haýryňa peýdalanmak/zor edip işletmek, onuň hakyny iýmek
Alyp baryjy üçin bellik: sapaga gatnaşyjylaryň käbirleriniň öz durmuşynda bolup geçen
wakalary aýdyp bermäge isleg bildirmegi mümkindir. Şeýle mümkinçilik ýüze çyksa,
gürlejek çagany üns berip diňläň, toparyň beýleki agzalarynyň hem ony diňlemegini
gazanyň. Eger-de bu gürrüňe goşuluşýanlaryň sany has köpeliberse, bu barada biraz
gijräk (meselem, günüň ahyrynda ýa-da arakesme wagtynda) söhbetdeş bolmagy teklip
ediň.
“Tene şikes salmak” jümlesine ünsi çekiň-de, topardan şu aşakdaky zatlary
soraň:
џ
џ
Tene şikes salmak we zalymlyk etmek diýip nämä düşünýärsiňiz?
Tene şikes ýetirmegiň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?
Mysallar:
urup-sögmek, çümmüklemek, şarpyk çalmak, adamyň ýüzüne urmak, zor bilen jyns
gatnaşygyna çekmek, zorlamak.
Mysallary tagtanyň ýüzüne ýa-da kagyza “Tene şikes salmak” jümlesiniň gapdalynda
ýazyň. Sapaga gatnaşyjylara çagalaryň durmuşda beýleki çagalaryň ýa-da ulularyň
edýän zorluk-sütemine sezewar bolýandygyny aýdyň. Şunda maýyplygyň dürli
görnüşlerine duçar bolan çagalaryň şol sütemden has köp ejir çekýändigini, ýakynlary
tarapyndan has köp taşlanýandygyny nygtamak gerekdir.
“Söz bilen/duýga/aňa zorluk etmek” jümlesine toparyň ünsüni çekiň. Çagalara zorlugyň
diňe bir teni awundyrmak bilen çäklenmeýändigini düşündiriň. Adamyň howuny
basmak, badyna badak salmak hem zorlukdyr. Olara şu aşakdaky sowallary beriň we
jogaplaryny belläp alyň:
“Söz bilen/duýga/aňa zorluk etmek” zulumynyň nähili görnüşlerini bilýärsiňiz?
Mysallar: gyşyk söz atyp kemsitmek, adamyň üstüne gygyrmak, mertebesini peseltmek,
namysyna degmek, howuny basmak, üstünden gülmek/gorkuzmak, degnasyna
degmek, perwaý bermezlik/sana salmazlyk we ş.m.
“Adamyň hukuklaryny bozmak, oňa kembaha garamak” diýen jümläni mysal alyp görüň,
ozal geçilen sapaklarda maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlar babatynda kämahal
orun alýan ýaramaz yrymlar, garaýyşlar barada ýatlaň, adamlara kembaha garamagyň,
olary sana salmazlygyň kemlikden nyşandygyny pugta belläň.
43
Topardan şuny soraň:
Çagalara bolan bikanun gatnaşyklaryň haýsy görnüşlerini bilýärsiňiz?
Maýyplygy bolan çagalara mekdebe gatnamagy gadagan etmeklik; sport ýygyndysy
toplananda, maýyplygy bolan çagalary oňa iň soňky nobatda kabul etmeklik; maýyplygy
barlygy zerarly çaga bilen dostlaşmagy özüňe peslik saýmak; maýyplyk arabajygynda
girip bolmaýan, galmaga ýagdaý döretmeýän basgançakly binalary gurmak we ş.m.
Sapaga gatnaşyjylara hemme adamlaryň deňdigini, şol deňligiň bolsa sylag-hormatda,
garaýyş-gatnaşykda, mümkinçiliklerde we hukuklarda beýan bolýandygyny, adamyň
teniniň reňkine, doglan ýerine, uýýan dinine, syýasy garaýyşlaryna ýa-da maýyplygyna
asla bagly däldigini nygtap aýdyň.
Tagtanyň ýüzünde “Başga bir adamy öz haýryňa peýdalanmak/zor edip işletmek, onuň
hakyny iýmek” jümlesini ýazyň. Çagalara şeýle zorlugyň bir adamyň beýleki adamy
bilkastlaýyn öz haýryna peýdalananda orun alýandygyny düşündiriň. Topardan soraň:
џ
Başga bir adamy öz haýryňa peýdalanmagyň/onuň hakyny iýmegiň nähili
görnüşleri bardyr?
Mysallar: adamy gorkuzyp elinden puluny almak; iş hakyny kem tölemek; algyň bar ýaly
adama minnet etmek; edilen ýagşylyga ýamanlyk bilen jogap bermek.
Bellik: beýleki adamlary öz haýryňa zalymlyk bilen peýdalanmagyň taryhda iň aýdyň
mysaly hökmünde HOLOKOST döwrüni görkezmek bolar; şonda adamlar zor bilen
lukmançylyk synaglaryna çekilip, soňra ýok edilipdir. (Ewans, Sýuzan E. “Unudylan
jenaýatlar:HOLOKOST we maýyplygyň dürli görnüşlerine duçar bolan adamlar”,
Maýyplaryň hukuklaryny goraýjylar, 2004).
III TAPGYR. Kiçi toparlarda pikir alyşmak. (25 minut)
Dört-bäş adamdan ybarat bolan kiçi toparlary düzüň. Soňra şol toparlara şu aşakdaky
meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy teklip ediň:
Kemsidilýän adam nähili güne düşýär?
Şunda ol nähili duýgulary başdan geçirýär? (mysallar: biçärelik, özüňi ejiz
duýmaklyk, sansyzlygyňy boýun almaklyk)
џ
Adama daşyndan kömek etmeseň, oňa ýetirilýän kemsidilmeleriň arasy
üzülermi?
џ
Biz nädip zorlugy we kemsidilmeleri dep edip bilýäris?
џ
џ
Topara zorluk-sütem edilip durka, ony aradan aýyrmakda daş-töweregindäki adamlara
köp zadyň baglydygyny düşündiriň. Sapaga gatnaşyjylar bilen NICE akroniminiň
manysyna düýpli seljerme beriň (bu adalga bolan-geçen waka şaýatlyk etmegiň esasy 4
pursadyny öz içine alýar). NICE
џ
Notice – bir zadyň bolup geçýändigini duýmaklyk
џ
Interpret – bolup geçýän wakada öz kömegiň degip bilýändigine düşünmek
џ
Choose – ýardam bermegiň ýoluny saýlamak
џ
Engage - ýagdaýlara goşuluşyp, kynçylygy aradan aýyrmaga ýardam bermek
44
Umumy toparda pikir alyşmany guramak maksady bilen, kiçi toparlardan NICE
akronimini durmuşdaky bolup geçen wakalar bilen baglanyşdyrmagy haýyş ediň
IV TAPGYR. Umumy toparda pikir alyşmak (20 minut)
Sapaga gatnaşyjylaryň hemmesini umumy topara birleşmegi haýyş ediň we olaryň kiçi
topardaka pikir alşan zatlaryny gürrüň bermegini soraň. Şunda soraglara aýratyn üns
beriň: Gözüniň öňünde bolup geçýän zorluk-sütemini aradan aýyrmak üçin olar näme
edip bilerler we näme etmegi ýerlikli saýýarlar? NICE akroniminiň zalymlygyň öňüni
almakda haýsy orny bar?Toparyň beren jogaplaryny tagtanyň ýa-da flipçartyň ýüzüne
belläp alyň.
Alyp baryjy üçin bellik: berlen jogaplary üns bilen diňläň we her birisi boýunça
aýratynlykda pikir alyşmany guraň. Berlen jogaplaryň arasynda zorlugy gahargazapsyz, paýhasly ýeňip geçmek barada edilen bellikleri goldaýandygyňyzy aýdyň.
Şunda topara gahar-gazabyň, zorluk etmegiň meseläni çözmeýändigini, kynçylygy diňe
paýhas bilen ýeňip bolýandygyny düşündirmäge çalşyň. Daş-töwerekdäki adamlar
dawa-jenjeli güýçlendirmeli däl-de, ony öçürmelidir. Araçy boljak bolsaň, ýumryýumşaklyk bilen ara düşen towy çözmegi başarmaly, şunda özüni gorap bilmeýän, ejiz
tarapa howandar çykmak her bir adamyň borjudyr.
Toparyň agzalaryna ýüzlenip, adamkärçiligiň özüňden başlanýandygyny aýdyň. Her
adam öz ornunda agzybirligiň ýol almagynda öz jogapkärçiligini duýsa, beýleki adama
gyşyk söz atmasa, kemsidiji hereketleri etmese, agzalalyk döremeýär. Adam
kemsinmeýär.
Zerur bolan kömegi almagyň ýa-da zalymlygyň öňüni almagyň başga-da usullary
bardyr:
џ
Munuň üçin dogumly bir adama bolýan zatlary gürrüň berip, ondan haraý soraň.
џ
Hukuk goraýjy edaralara ýüz tutup, öz hukuklaryňyzyň goralmagyny soraň
џ
Zorluga-süteme garşy ýörite maksatnamalary düzüp, adamlaryň
deňhukuklylygyny goraýan bu maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine hökümet
edaralaryny çekiň.
Sapakda aýratyn üns bermeli ýerleri:
џ
Zorluga, zalymlyga, namysa degilmelere garaşyk etmeli däldir. Şeýle ýaramaz
hadysalar orun alan bolsa, özüňize kömek berip biljek adamlara: ata-eneňize,
mugallymlaryňyza, lukmanlara, polisiýa ýüz tutup bilersiňiz.
џ
Hiç bir adam zorluga ýa-da kemsidilmelere duçar edilmeli däldir
џ
Maýyplygyň dürli görnüşine sezewar bolan adamlar, aýratyn hem çagalar
zorlugyň öňünde has ejiz bolýandyrlar.
Zorluga zorluk bilen jogap bermeklik – oňyn çykalga däldir. Zeleliň öňüni alanyň ýagşy,
teý bolmanda degerli edaralara ýüz tutuň, ýöne dikleşmäň. Pes bilen pes bolýan adam
beýgelýän däldir.
Çeşmeleri: BMG-nyň Baş Sekretarynyň çagalar babatynda edilýän zorlyk-sütemler
boýunça geçiren düýpli barlaglary; çagalar we ýaşlar üçin sada dilde, has düşnükli
işlenip taýýarlanan nusgasy; Birleşen Milletler Guramasy. 2006; ýaşlar üçin oýlanyşykly
okuw sapaklarynyň birnäçesiniň meýilnamasyny işläp taýýarlan “Arkadaş bolmak,
dostlaşmak” okuw maksatnamasy; Bilim ösüşleriniň merkeziniň saglygy goramak we
.
adam ösüşleri baradaky maksatnamasynyň
http://main.edc.org/newsroom/feautures/bullying_HHD.asp saýty; Birmingemiň Şäher
geňeşindäki Sýu Bollyň www.bgfl.org/services/stopbullying/default.html saýty we
okuwy guramagyň ekspertizasynyň www.teachingexpertise.com/articles/bullying-andthebystender-1615 saýtyndaky maglumatlary.
45
Ç.
Duruň! Zalymlygyň we süteme “Ýok!” diýeliň.
Sapagyň gysgaça beýany:
Okuwyň bu tapgyrynda sapaga gatnaşyjylar zorlugyň salynmagynyň we adamyň
mertebesiniň kemsidilmeginiň käbir ýagdaýlaryna gararlar we olary ýeňip geçmegiň dürli
ýollaryny öwrenerler.
Maksady:
Okuw sapaklaryny geçen çagalar durmuşda duş gelýän zorlugyň salynmagy we
adamlaryň mertebesiniň kemsidilmegi ýaly käbir ýaramaz ýagdaýlaryň dürli görnüşini
ýüze çykarmagy öwrenerler we agzybirlikde hereket etmek arkaly olaryň öňüni almak we
aradan aýyrmak bilen bagly peýdaly endikleri öwrenerler.
Dowamlylygy:
1 sagat 30 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Kiçi toparda çäreleri guramak we tanyşdyryşlary geçirmek
Peýdalanylýan esbaplar:
Olar gerek bolmaz
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş (5 minut)
Topara maýyplygy bolan adamlaryň köpüsiniň zorluga we zalymlyga, dürli
kemsidilmelere duçar edilýändigini aýdyp beriň. Häzirki sapagyň bolsa şeýle
ýagdaýlaryň öňüni almaga ýardam boljakdygyny duýduryň. Geçirilen soňky sapagyň
jemlerini jemläň we ýene-de bir gezek zorlugyň dürli görnüşleri barada durup geçiň.
Alyp baryjy üçin bellik: garalyp geçilýän ýagdaýlary görüşi pes ýa-da batyl çagalaryň
mümkinçiliklerini nazara almak bilen has giňişleýin teswirlemäge çalşyň.
II TAPGYR: Kiçi toparda iş guramak (20 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan 4-6 adamdan ybarat toparlara bölünmegi haýyň ediň.
Toparlaryň her birisine maýyplygy bolan adamyň ynsan hukuklarynyň kemsidilýän,
zorluk-sütemiň orun alýan ýagdaýlarynyň birine garap geçmegi tabşyryň (tene şikes
salmak, söz bilen/duýga/aňa zorluk etmek, adamyň hukuklaryny bozmak, oňa kembaha
garamak, başga bir adamy öz haýryňa peýdalanmak/zor edip işletmek, onuň hakyny
iýmek).
Toparlara geçen sapagyň jemlerini düýpli seljermegiň we zorluk-sütemiň dürli görnüşleri
barada öwrenilen maglumatlary berkitmegiň zerurlygy barada duýduryň. Olara saýlanyp
alnan haýsydyr bir durmuş mysalyny “Bir pursatda düşürilen surat” ýaly
sahnalaşdyrmagy tabşyryň. “Bir pursatlyk surat” diýmek haýsydyr bir keşbe girip
hereketsiz, gymyldaman durmak diýmekdir. Sahnany oýnamaly däldir, ony hereketsiz
düşündirmelidir.
46
Toparlara sahnanyň “saklanan kadr” görnüşinde görkeziljekdigini düşündirýänçäňiz,
beýleki toparlar görkezilýän sahnanyň manysyny düşündirmäge çalyşmalydyrlar.
Berlen ýumuş toparlara has düşnükli bolar ýaly, gönükmäni mysalda görkeziň.
Mysallar:
џ
Saýlaw geçirilýän ýere basgançakdan münmeli bolansoň, maýyplygy bolan
adam oňa baryp bilmedi
џ
Mugallym berlen ýumşy ýerine ýetirip bilmeýän çagany urýar/masgaralaýar/synp
otagyndan kowýar
џ
Maýyplygy bolan çaganyň üstünden oýnalýan meýdançada, bedenterbiýe
sapagynda, mekdepden soň ýa-da arakesmede gülünýär.
III TAPGYR: Kiçi toparlaryň taýýarlan ýumşuny tanyşdyrmak (55 minut)
Sapaga gatnaşyjylary umumy topara birleşdiriň we ozalky kiçi toparlardam isleg bildireni
ilki bolup öz taýýarlan “pursatlyk surat” sahnajygyny görkezmäge çagyryň. Kiçi
toparlaryň biri öz “sahnasyny” görkezsin, beýlekiler bolsa oňa düşündiriş bersinler.
Alyp baryjy üçin bellik: kiçi toparyň görkezýän “doňan sahnasy” 1-2 minutdan uzak
bolmaly däldir. Eger-de synlaýan toparlaryň pikir alyşmasy we berýän teswiri has uzaga
çekse, sahna gatnaşýanlara 10 sekundlyk arakesme beriň, olar biraz dem-dynç
alansoňlar, sahnany ýene gaýtalamagy haýyş ediň.
Görkezilýän sahna barada her kim öz pikirini aýdansoň (adam hukuklarynyň haýsysy
kemsidilýändigi anyklanansoň), pikir alyşmaga gatnaşýan çagalara sahna çykyp, ýol
berlen kemsidilmäni, edilýän zorluk-sütemi aradan aýyrmagy teklip ediň. Özi hem bu
ýumuş hereketde däl-de, “doňan sahna” görnüşinde beýan edilmelidir.
Mysal: berlen ýumşy ýerine ýetirmekde kynçylyk çekýän çagany mugallymyň uran
ýagdaýynda, çagalar sahna çykyp şu aşakdakylary edip bilerler:
џ
Urulýan çaganyň gapdalynda oturyp, oňa deň-duş kömegini bermek, sapagy
düşündirmek
џ
Zalymlyga ýol berýän mugallymyň üstüne beýleki mugallymy ýa-da mekdebiň
müdirini çagyryp, onuň eden-etdilikleriniň üstüni açmak, mugallymyň elini urulýan
çagadan çekmek
“Doňan sahna” hemmeler tomaşa edip bolandan soň, sahnany görkezýän çagalara “Siz
indi boş” diýip bilersiňiz. Olar ýerine baransoňlar, sahnany görkezmek bilen aýtjak bolan
pikirini teswirlemegi we ýol berlen zorlugyň öňüni almakda saýlap alan usulyny gürrüň
bermegi soraň. Şunda olar sahnada zorluk-sütemiň haýsy görnüşine (tene şikes
salmak, söz bilen/duýga/aňa zorluk etmek, adamyň hukuklaryny bozmak, oňa kembaha
garamak, başga bir adamy öz haýryňa peýdalanmak/zor edip işletmek, onuň hakyny
iýmek) ýol berlendigini, adam hukuklarynyň haýsysynyň kemsidilendigini kesgitli
aýtmalydyrlar.
Şundan soň beýleki kiçi toparlar görkezilen sahna öz bahasyny bermelidirler we ony
delillendirmelidirler.
47
IV TAPGYR: Sapagyň jemlerini jemlemek (10 minut)
Hemme toparlar öz taýýarlan sahnasyny görkezip, öz saýlap alan çözgütlerini
teswirlänsoňlar, görkezilen sahnalaryň we berlen jogaplaryň ählisine umumy syn
bermek. Şunda her bir gatnaşyjynyň oňat netijeleri gazanandygyny, ýagşy ukypbaşarnygyny görkezendigini, gerek bolan ýagdaýda olaryň kömegi sorap hem berip
biljekdigini, zorlugyň-zalymlygyň öňüni almagy doly başarjakdygyny guwanç bilen
aýtmak zerurdyr.
Sapakda aýratyn bellemeli zat:
џ
Gahara – gahar, zorluga – zorluk bilen jogap bermek bir iş bitirenok. Iň gowusy,
kömek berip biljek adama ýa-da edara ýüz tutmalydyr.
Çeşmesi: “Özgertmeleri wagyz etmekde tagallalary birleşdirmek”; bu dogrusynda has
giňişleýin www.selfvocacy.org saýtynda maglumat taparsyňyz.
Öý we maşgala
23-nji madda: Öýi we maşgalany sylamak
Adamlar öz maşgalasynda ýaşamaga haklydyrlar. Eger-de sizde maýyplygyň haýsydyr
bir görnüşi bar bolsa, hökümetiňiz siziň maşgalaňyza maýyplyk, degişli maglumatlary
almak we hyzmatlardan peýdalanmak bilen bagly çykdajylary ýapmakda kömek
bermelidir. Hiç bir adam maýyplygyňyzy bahana tutunyp, sizi ene-ataňyzdan aýrylap
bilmez! Eger-de siz haýsydyr bir sebäp bilen öz maşgalaňyzda ýaşap bilmeýän
bolsaňyz, döwlet siziň ýakyn ýa-da uzak garyndaşlaryňyz ýa-da jemagatyňyz
tarapyndan howandarlygyň ýola goýulmagyna ýardam etmelidir. Dürli görnüşdäki
maýyplygy bolan ýaşlaryň her birisi beýlekiler bilen deň derejede nesil dowamaty
baradaky maglumatlardan peýdalanmaga doly haklydyrlar; beýlekiler ýaly nika
baglaşmak we maşgala gurmak hukugyna eýedirler.
Esaslandyrma we syn
Sapaga gatnaşyjylar adamyň öý edinmek we maşgala gurmak hukugyny öwrenerler.
Şunda adamyň öýli we maşgalaly bolmak hukugynyň beýleki esasy hak-hukuklar bilen
aýrylmaz baglydygyna aýratyn ünsi çekmelidir. Maýyplygy bolan çagalar babatynda bu
zerurlygyň hajaty iki esse artýandyr.
Umumy maksatlar we wezipeler
Okuwyň bu tapgyrynda toparlar şu aşakdaky endikleri öwrenerler:
џ
Adamyň öýe we maşgala bolan hukugyna düşünerler.
џ
Çaganyň maşgalada ýa-da maşgala golaý gurşawda öseniniň ýekelikde önüpösenden has peýdalydygyna göz ýetirerler.
џ
Öý we maşgala edinmek hukugyny beýleki hak-hukuklar bilen baglanyşdyrmagy
öwrenerler.
џ
Maýyplygyň dürli görnüşlerine duçar bolan çagalaryň döwlet edaralaryna
düşmän, öz maşgalasynda galyp terbiýelenmegine ýardam edýän oňat pikirleri işjeň
ýagdaýda ara alyp maslahatlaşarlar .
Maşgalany goldamak (ene-atalary, dogan-garyndaşlary, maýyplygy bolan çagalary)
bilen bagly, öý-içeriniň we jemagatyň agzybirligini pugtalandyrmaga edýän oňat pikirleri
işjeň ýagdaýda ara alyp maslahatlaşmak .
48
Sapagyň göz öňünde tutulýan dowamlylygy
1 sagat 55 minut
Okuwyň ugurlary
A.
Öý edinmek we maşgala gurmak hukugy
B.
Maşgalany goldamak
A.Öý edinmek we maşgala gurmak hukugy
Sapagyň gysga beýany:
Okuwyň bu böleginde oňa gatnaşyjylar adamyň öý edinmäge we maşgala gurmaga
bolan hukugyna gararlar we olaryň ornuny tutýan dürli edaralaryň işi bilen tanşarlar.
Maksady:
Bu sapaklary geçmek bilen, toparlar adamyň öý edinmäge we maşgala gurmaga bolan
hukugynyň näderejede wajypdygyna düşünerler; bu hukugyň berjaý edilmeýän ýerinde
adamyň beýleki hak-hukuklarynyň düýpli kemsidilýändigine göz ýetirerler.
Dowamlylygy:
45 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Hiç hili esbap gerek däl
Işiň barşy
I TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak
23-nji maddany – Öýi we maşgalany sylamak maddasyna düýpli syn beriň. Sapaga
gatnaşýanlara her bir çaganyň we ýetginjegiň öz maşgalasynda ýaşamaga hukugynyň
bardygyny, Konwensiýa laýyklykda Hökümetiň maýyplygyň dürli görnüşi bolan
çagalaryň öz öýünde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň ählisini berjaý
etmelidigini düşündiriň.
Adamyň öý edinmäge we maşgala gurmaga bolan hukygyny berjaý etmekden ýüz
dönderilen ýagdaýlary mysal getiriň.
Mysal:Dünýä döwletleriniň käbirisinde maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan
adamlary öýde we köpçülikde goldamak boýunça hyzmatlara asla üns berilýän däldir.
Kä ýagdaýda maýyp çagasy dünýä inen ene-atalara öz çagasyny ýöriteleşdirilen edara
tabşyrmagy teklip edýärler. Şeýle edara düşen çaga gaýdyp-dolanyp öz maşgalasyna
baryp bilmeýär. Şu aşakdaky mysallary sesli okaň:
Mysal: Kä çagalar öz maşgalasynda ýaşamaga zardyr:
“Men mähriň, söýginiň zary. Enem-atamy gaty seýrek görýärin, olarsyz ýüregim gysýar”.
Ýewa, 12 ýaş, ýöriteleşdirilen edarada ýaşaýar.
49
Mysal: Ýöriteleşdirilen edaralarda ýaşaýan çagalara we ýetginjeklere durmuşda öz
ornuny tapmak gaty kyn düşýär; olar ulalan soň hem dürli kynçylyklary ýeňip geçmekde
ýygra bolaýarlar.
“Olar özbaşdak ýaşamaga asla taýýar däldirler… Şeýle çagalarda öý duýgusy ýok, şol
sebäpden hem olar ýalňyz bolýarlar. Olar dine bir zada – mähriban adamlara, maşgala
zardyrlar”.
Pýotr, lukman, Russiýa Federasiýasy
Topara şu sowallary beriň:
џ
Çaga ýöriteleşdirilen edara ýerleşdirilende, onuň ýene-da haýsy hukuklary
kemsidilýär?
Mysallar: Köpçülige goşulyşmak, bilim almak, erkin ýaşamak
Näme sebäpden siz çaga ýöriteleşdiirilen edarada däl-de, hut öýde
terbiýelenende, has oňat bolar diýip pikir edýärsiňiz?
Mysallar: Mähribanlyk we alçaklyk, deň-duşlara goşulyşmak, doganlary bilen
garyşyp-gatyşmak, bagtyýar durmuşyň hözirini duýup ýaşamak.
џ
џ
Maşgaladan aýrylyp, başga ýere ýerleşdirilmeginiň çaganyň özi üçin peýdaly
bolýan ýagdaýlaryny göz öňüne getirjek boluň.
Mysal: öz maşgalasynda ýaşaýan çagalaryň käbirisi zorluga sezewar edilýändir.
Çagalara öz öýünde galyp, öz maşgalasy bilen ýaşamaga ýardam berýän usulllar
we şertler barada işjeň pikir alşyň.
Mysallar: Maýypylgy bolan adama onuň süýtdeş doganlarynyň kömek bermegi;
jemgyýetde ynsanperwerlik we habardarlyk ýörelgelerini pugtalandyrmak; maýyplygyň
dürli görnüşine sezewar bolan körpelere çagalar baglarynyň, mekdepleriň, günin hereket
edýän güýmenje merkezleriniň elýeter bolmagyny üpjün etmeklik; lukmanlaryň arasynda
ilata ýokary hilli hyzmatlary etmek barada wagyz etmek, maşgalany goramak boýunça
toparlary döretmek.
џ
Alyp baryjy üçin bellik: Käbir ýagdaýlarda, meselem çagalaryň öz öýünde, öz golaý
adamlary tarapyndan zorluk-süteme sezewar edilende, şeýle çagany maşgaladan
aýrylap, giňeldilen maşgala ýa-da jemgyýetiň garamagyna bereniň ýagşy. Özge
mümkinçilk bolmasa, çagalar ýöriteleşdirilen edaralara ýerleşdirilip bilner.
Edaralaşdyrmak ýagdaýy gysga wagtlyk çözgütdir, ol çagany jemagatyň çäklerinde
başga bir, has amatly şertlere ýerleşdirilýänçä kabul ederliklidir. Çagany ýöriteleşdirilen
edara ýerleşdirmek baradaky çözgüt özge hiç hili çykalga bolmadyk ýagdaýynda
çykarylýar.
Institusionallaşdyrmak
Ýörite edaralar – çagalaryň (ulularyň ) ýa-da olaryň toparlarynyň özüne ýakyn garyndaş
bolmadyk adamlaryň howandarlygynda bilelikde ýaşaýan ýeridir. Çagalar öýi şeýle
edaralaryň bir görnüşidir. Ýörite edara – aňrujy ýagdaý bolman, çaganyň ýa ulynyň
ýerleşdirilýän ýeridir.
Çeşmesi: BMG-nyň Baş Sekretarynyň çagalar babatynda edilýän zorlyk-sütemler
boýunça geçiren düýpli barlaglary; çagalar we ýaşlar üçin sada dilde, has düşnükli işlenip
taýýarlanan nusgasy; Birleşen Milletler Guramasy, 2006
50
Sapakda aýratyn üns bermeli ýeri:
Maşgalasynda maýyp bolan adam (goý, ol çaga bolsun ýa-da onuň ene-atasy)
öz maşgalasyny bitewiligine saklap, agzybir ýaşamagy üçin döwlet tarapyndan goldaw
almaga haky bardyr.
џ
Eger-de maşgalanyň içerki ýagdaýy çaganyň ýaşamagyna ýaramly bolmasa,
çaga has giňeldilen maşgalalara (özüniň beýleki dogan-garyndaşlarynyň maşgalasyna)
ýa-da kabul edilen jemgyýetçilik maksatnamalaryna laýyklykda ýöriteleşdirilen
edaralaryna ýerleşdirilip bilner.
џ
B.
Maşgalany goldamak
Sapagyň gysga beýany:
Okuw sapaklarynyň bu tapgyrynda oňa gatnaşyjylar maşgalanyň we jemagat
toparlarynyň (şol sanda maýyplygyň dürli görnüşine sezewar bolan adamlaryň ýaşaýan
maşgalalary) hajatlary we olara berlip biljek goldaw-ýardamyň ýol-ugurlary bilen
tanşarlar.
Maksady:
Sapagyň ahyryna çenli okaýan çagalar tagallalary birleşdirip hem-de döwletiň berýän
kömeginden peýdalanyp, maşgalany goramagyň dürli usullaryny özleşdirerler.
Dowamlylygy:
1 sagat 10 minut
Sapagy geçirmegiň usulýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak, çekeleşikli maslahatlaşmalary guramak we
tanyşdyryşlary geçirmek.
Peýdalanýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler
Işiň barşy
I TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (20 minut)
Umumy toparda şu aşakdaky meseleler boýunça pikir alyşmalary guraň we olaryň
barşynda maslahatlaşylýan her bir ugur boýunça degişli sowallary beriň we alan
jogaplaryňyzy teswirläň:
џ
Maýyplygyň bolmagy adamyň öz durmuşyna-da, onuň maşgalasynyň
durmuşyna-da ýiti täsir edýär.
џ
Adaty ýagdaýda maşgalanyň başyna düşýän aladalaryň ählisini ene-ata çözmeli
bolýar: degerli saglyk hyzmatlaryny almak, maýyplygy bolan çaganyň arkaýyn
hereketlenmegi, ýöremegi, mekdebe barmagy, oýnamagy, ösmegi üçin zerur bolan
enjamlary tapmak we beýleki aladalar ýakyn hossarlaryň başyna düşýär.
џ
Maşgalada maýyplygyň haýsydyr bir görnüşine duçar bolan çaga bar bolsa,
onuň özünden uly doganlary ene-atasyna maýyplyk bilen bagly iş-aladalary ýeňip
geçmäge kömek etmelidirler.
Biziň şu okuw toparymyz, aslynda bolsa Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary
hakyndaky Konwensiýanyň özi maýyplygyň durmuş mödelini kabul edendir, munuň özi
bolsa maýyplygyň kesel däl-de, jemgyýetde şeýle kynçylyklara sezewar bolan
adamlara orun alan garaýşlaryň we gatnaşygyň, olaryň hukuklaryny berjaý etmekde ýol
berilýän säwlikleriň täsiridigini ykrar etmekdir.
51
Maýyplygyň durmuş modeli jemgyýet ýa-da durmyş gurşawy tarapyndan döredilen we
her bir adama özünde bar bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagyny çäklendirýän
päsgelçilikleri aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Şeýle çemeleşme öz içine maýyplyga
bolan oňyn gatnaşygy terbiýelemegi we höweslendirmegi, jaýlary we binalary
hemmelere elýeter bolar ýaly özgertmegi, maglumatlary hemmelere düşnükli görnüşde
bermegi girizýär.
Kämahal maýyplygy bolan adamyň maşgalasynyň gün-güzeranyny dolandyrmak we şol
bir wagtyň özünde maýyba zerur bolan durmuş we saglyk kömegini almak bilen bagly
aladalary çözmekde belli bir derejede kynçylyk çekýändigini topara düşündiriň. Häzirki
wagtda biziň öňümizde ýerli jemagatyň güýji bilen maýyplygy bolan adamlaryň özüne we
olaryň maşgalalaryna goldaw bermegiň mümkinçiliklerini aýdyňlaşdyrmak wezipesi
durýar.
Käbir döwletlerde maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýan maşgalalaryna kömek bermek
üçin ýörite toparlar döredilýär. Şol toparlaryň düzümine maýyplygy bolan adamlaryň ataeneleri, dogan-garyndaşlary girip, dürli çäreleri, netijeli pikir alyşmalary, göwün açyjy
duşuşyklary guraýarlar.
II TAPGYR: Çekeleşikli pikir alyşmak (20 minut)
Sapaga gatnaşyjylara üç-dört adamdan ybarat bolan toparlara bölünişip, maşgalany
goldamagyň dürli usullary boýunça çekeleşikli pikir alyşmagy teklip ediň.
Maýyplygy bolan çaganyň doganlary näme kömek edip biler? Okuw toparynyň bu
ugurda näme kömegi degip biler? Ýerli jemagatyň näme peýdasy degip biljek?
III TAPGYR:Umumy toparda pikir alyşmak we tanyşdyryşy geçirmek (30 minut)
Topardan maşgalany goldamak, bu işe dogan-garyndaşlary çekmek boýunça öz pikirini
aýtmagy we olary ara alyp maslahatlaşmagy soraň. Pikir alyşmanyň dowamynda şu
aşakdaky mysallary getrip bilersiňiz.
Maşgalany goldamagyň käbir mysallary:
Ene-atalardan düzülen işjeň goldaw toparyny döretmek
Dogan-garyndaşlardan düzülen işjeň goldaw toparyny döretmek
Maýyplygy bolan çagalary öz maşgalasyna kabul eden täze ene-atalara berilmeli
kömekleriň sanawyny işläp taýýarlamak. Şunda sapaga gatnaşyjylardan
öz
maşgalasyna haýsy kömegiň has zerur bolup durýandygy barada aýtmagy soraň.
џ
Dogan-garyndaşlardan ýa-da ata-enelerden düzülen halypaçylyk-howandarlyk
toparlaryny döretmegiň ugruny maslahatlaşyň. Şunda täze ene-ata bolanlaryň has uly
ýaşdaky çagalaryň ene-atasy bilen birleşip, bilelikde hereket etmegi köp aladalary ýeňip
geçmäge kömek eder. Maýyplygy bolan çagalaryň hem özara duşuşyp, pikir alşyp
durmagy bu ugurdaky işleriň ilerlemegine kömek berer.
џ
Maýyplygyň dürli görnüşine sezewar bolan adamlaryň jemagatyň bu ugurda
edýän tagallalaryna goşup biljek peýdaly goşandynyň sanawyny düzüň we bu
maglumaty şeýle çagalary howandarlygyna alan ene-atalara we jemagatyň dykgatyna
ýetiriň.
џ
џ
џ
52
Hepdede bir gezek gezelenje çykmak üçin toparlary dörediň. Goý, maýyplygy bolan
adamlaryň özleri, olaryň ene-atalary, dogan-garyndaşlary ýygy-ýygydan duşuşmaga,
gezelenç etmäge, pikir alyşmaga mümkinçilik alsynlar. Eger-de siz öýde çykman otran
maýybyň bardygyny bilseňiz, şeýle gezelençlere goşulyşmaga olary hem çagyryp
bilersiňiz.
Alyp baryjy üçin bellik:
Maýyplygy bolan adamlara uzak aralyga gitmek kyn bolsa, gezelenç edilýän haýsydyr
bir ýerde ýöne ýygnanyşyp hem bolar. Az salymlyk görşüp, göwün açyşmak hem
adamlara ruhy goldaw berýändir!
Daş-töweregiňizdäki adamlaryň oňyn tagallalaryny maýyplar üçin zerur bolan
panduslary gurmak ýaly sogaply işlere çekiň. Şeýle edilende, ýaşy gartaşan ýa-da
daýanç-hereket ediş ulgamynda düýpli näsazlyklar bolan adamlara-da jemgyýetçilik
ýerlerine barmaga mümkinçilk dörär.
џ
Guralan şu okuwyň iň soňky gününe çagalaryň ene-atasyny çagyryň, goý, olar
hem öz çagasynyň öwrenen zatlaryna guwansyn!
џ
Şu sapakda aýratyn üns berilmeli ýerler:
Maýyplygy bolan adamlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna jemgyýet
kömek bermelidir
џ
Maýyplygy bolan çagalary öz maşgalasyna alan täze ene-atalar üçin ýörite
okuwlar, pikir alyşmalar guralsa, olaryň iş-aladalaryny ep-esli ýeňilleşdirer.
џ
Maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan çagalaryň pikirini soraşmak, olaryň
göwnündäkini bilmek we bu maglumatlary ene-atalaryna duýdurmak adamlaryň
maýyplara we maýyplyga bolan garaýyşlaryny üýtgetmäge ýardam berer.
Kyn ýagdaýa düşen adamlara az ýerde berlen kömek hem uly ýardamdyr. Daştöwerekdäki adamlaryň, dogan-garyndaşlaryň, goňşularyň, jemgyýetçiligiň tagallalary
birleşdirilen ýerinde hiç bir adam durmuşda kynçylyk çekmez.
џ
53
III BAP
Köpçülige garyşyp-gatyşmak.
54
Elýeterlilik we özbaşdak ýaşamak
9-njy madda: Elýeterlilik
Döwletler maýyplygy bolan adamlaryň özbaşdak ýaşamagy we köpçüligiň durmuşyna
goşulmagyna mümkinçilik döretmek barada özara ylalaşdylar. Köpçüligiň barýan
islendik ýeri, şol sanda köçeler, jaýlar, mekdepler we hassahanalar maýyplygyň dürli
görnüşine duçar bolan adamlaryň, şol sanda çagalaryň ählisine elýeter bolmaydyr.
Eger-de siz köpçülik ýerinde bolan wagtyňyz kynçylyk çekýän bolsaňyz, şol ýerde size
ýolbelet, ýazgylary okap berýän ýa-da hereketleri bilen düşündirp bilýän surdoterjimeçi
kömek bermelidir.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk barada”, UNISEF, 2008, aprel aýy
19-njy madda: Özbaşdak ýaşamak
Hemme adamlar, özünde maýyplygyň barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, öz
ýaşajak ýerini erkin ýagdaýda saýlamaga haklydyr. Siz hem ulalanyňyzdan soň, eger
isleseňiz, özbaşdak ýaşap we jemagata goşulyşyp bilersiňiz. Mundan başga-da, eger
kynçylyk çekýän bolsaňyz, siz ýörite göz öňünde tutulan goldaw hyzmatlaryndan
peýdalanyp, köpçülige has giňden goşulmaga mümkinçilik alyp bilersiňiz. Şeýle
hyzmatlaryň çägine öý-içeri boýunça kömek etmek ýa-da özüňize ýardam bermek ýaly
çäreler girip biler.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk barada”, UNISEF, 2008, aprel aýy
27-nji madda: Zähmet çekmek we iş orunlary bilen üpjünçilik
Maýyplygyň dürli görnüşlerine duçar bolan adamlar beýlekiler bilen deň derejede, hiç bir
kemsidilmezden, özüniň erkin ýagdaýda saýlap alan kärinde işlemäge haklydyrlar.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk barada”, UNISEF, 2008, aprel aýy
Esaslandyrma we syn
Okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry oňa gatnaşyjylary özüniň ýaşaýan
jemagatlarynyň we toparlarynyň köpsanly we köpdürli mazmuny bilen tanyşdyrmaga;
olara özbaşdak ýaşamaga hakynyň bardygyny düşündirmäge; maýyplygy bolan
adamlaryň arkaýyn köpçülige goşulmagy üçin goldaw berýän gulluklaryň işi we olaryň
berýän ýardamy barada habardar etmäge gönükdirilendir. Sapaklary geçirmek bilen,
her bir adamda zähmet çekmäge, elýeter ýaşamaga, öz durmuşyny özbaşdak gurmaga
we köpçülige garyşyp-gatyşmaga bolan hukuklarynyň aýrylmaz baglydygy
düşündirmek maksat edinilýär.
Umumy maksatlar we wezipeler
Sapaklar tamamlanýança oňa gatnaşyjylar şu aşakdaky endikleri öwrenerler:
џ
“Özbaşdak ýaşamak” diýen düşünjäni aňlamak
џ
Jemgyýetiň elýeterliligine baha bermek
џ
Özbaşdak ýaşamagy gazanmakda adamyň öz ornuna düşünmek
Okuwyň göz öňünde tutulýan dowamlylygy
2 sagat 40 minut
Sapaklaryň esasy ugurlary
A.
Taslamany elýeterli etmek
B.
Özbaşdak durmuşyň daragty
55
A. Taslamany elýeterli etmek
Sapagyň gysga beýany:
Okuwyň bu tapgyrynda oňa gatnaşyjylar jemagat toparlarynyň dürli görnüşleri bilen
tanşarlar, şol toparlaryň ýerleşýän ýeriniň maýyplygy bolan adamlara elýeterliligine baha
bererler.
Maksady:
Sapaklar tamamlanýança oňa gatnaşyjylar “hemmelere we her bir adama elýeterli
etmek” bitewi düşünjäniň manysyny doly özleşdirerler we jemagat toparlarynyň
hemmelere elýeterliligine baha bermegiň tilsimlerine göz ýetirerler. Toparyň agzalary öz
aralarynda elýeterlilik düşünjesi barada işjeň ýagdaýda pikir alşarlar we şol elýeterlilige
ählumumylyk häsiýetini bermegiň usullaryny ýüze çykararlar.
Dowamlylygy:
1 sagat 25 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Işjeň aýgdaý da pikir alyşmak, umumy toparda ara alyp maslahatlaşmalary guramak we
kiçi toparlarda işlemek.
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler.
Işiň barşy
I TAPGYR: Giriş (5 minut)
Topara ozalky sapaklarda öwrenilen maglumatlary ýatladyň: adamlaryň hemmesi deň
hukuklydyr, ynsan köpdürlüligi adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandyr.
Her bir adamyň öz bolşy bardyr. Muňa düşünmek we ony kabul etmeklik dine bir
durmuşymyzy baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem ählumumy deňligi gazanmagyň
hem esasy şertleriniň biri bolup durýar. Sapaga gatnaşyjylara häzirki sapagyň çekeleşikli
ýagdaýda geçiriljek umumy pikir alyşmakdan başlanjakdygyny, soňra bolsa kiçi toparlara
bölünişip, elýeterlilik baradaky gönükmeler esasynda işiň guraljakdygyny aýdyň.
II TAPGYR: Işjeň ýagdaýda pikir alyşmak (20 minut)
Tagtanyň ýa-da kagyzyň ýüzünde
“jemagat” sözüni ýazyň.
Bu sözüň daşyny tegeläp alyň
we sapaga gatnaşyjylardan olaryň
bilýän we aňyna gelýän jemagat
toparlarynyň atlaryny aýtmagy
soraň. Aşakda getirilýän söz
diagrammasyndan käbir mysallary
getirip bilersiňiz.
56
“Jemagat” sözüniň diagrammasy:
Mekdep
Şäher, şäherçe, oba
etrap
yurt
maşgala
Jemagat
Dost-ýarlar
Sport topary
Dini topar
III TAPGYR: Kiçi toparlarda iş geçirmek (30 minut)
Sapaga gatnaşyjylary dört-bäş adamdan ybarat bolan toparlara bölüň. Olardan
elýeterliligini seljermek üçin jemagat görnüşlerinden birini saýlap almagy teklip ediň.
Alyp baryjy üçin bellik: Eger mümkin bolsa, saýlanyp alnan jemagat topary golaýda
ýerleşse gowudyr, çünki şeýle bolanda sapaga gatnaşyjylar ol ýere baryp, ýagdaýlar
bilen ýerinde tanşyp bilerler. Eger-de muňa mümkinçilik bolmasa, kiçi toparlara özüniň
saýlap alan jemagat toparynyň elýeterliligini işjeň ýagdaýda pikir alyşmak arkaly
seljermek galýar.
Kiçi toparlara aşakda berlen sowallara jogap bermegi teklip ediň (sowallar “Elýeterliligiň
barlag kagyzynda” berilýändir) we umumy toparda geçirmek maksady bilen “Elýeterlilik
hasabatyny” taýýarlamagy tabşyryň. Sapaga gatnaşyjylara hemmelere amatly bolan
gurşawa elýeterli diýip bolýandygyny ýatladyň.
Meselem: öýde lift bolsa, bu maýyplyk arabajygynda hereket edýän, ýaşy gartaşan,
agyr ýükleri daşaýan adamlara uly amatlykdyr; agyz çüwdürimjikleri bolsa pessejik
bolmalydyr, olara çaganyň hem boýy ýetmelidir. Has sada dilde berilýän maglumatlar
goşmaça suratlar bilen bile berilse, aňy gowşagrak, görüşi pes çagalara amatlyk
döredýär.
Elýeterlilik hasabaty öz içine maddy, maglumat we gönükdiriji elýeterliligi we ony üpjün
etmegiň iň sada usullaryny almalydyr.
57
Elýeterliligiň barlag kagyzy
Gönükdiriji elýeterlilik
џ
Daş-töwerekdäkiler maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan adamlar babatynda
ýagşy niýetde (gatnaşykda) bolýarlarmy?
џ
Degişli adamlar – mugallymlar, saglyk işgärleri, sport tälimçileri, ýerli häkimiýet
edaralary we ş.m. – bolmalysy ýaly ýardam berýärlermi? Maýyplygyň dürli görnüşine
duçar bolan adamlaryň öz ugry boýunça köpçülige we işe garyşyp-gatyşmagyna olar
tarapyndan näme kömek edilýär? Şeýle adamlar we edaralar maýyplygy bolan
adamlaryň daşky gurşawa arkaýyn goşulyşmagyna amatly bolar ýaly ýerli şertleri oňyn
tarapa özgertmegiň ýol-ugurlaryna beletmi?
џ
Maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň gerek bolan ýagdaýda kömek
soramakdan çekinenoklarmy? Ýa-da olar öz başyny özleri çaraýarlarmy, öz hukuklaryny
özleri gorap bilýärlermi?
џ
“Köpçülige goşulyşmak” (jemagatda, öýde, mekdepde orun almak) pikiri goldaw
tapýarmy?
џ
Maýyplygyň dürli görnüşlerine duçar bolan adamlar köpçülikde özlerini arkaýyn
duýýarlarmy?
Maddy elýeterlilik
џ
Maýyplygy bolan adamyň barmaly ýerine aşmagy üçin degişli ulag ýa-da kömek
göz öňünde tutulýarmy?
џ
Barylmaly bina köpgatlymy? Onda basgançaklar, girelgesiniň öňünde panduslar
barmy?
џ
Binanyň gapylary maýyplyk arabajygy geçerçe ýa-da pişekli adam ýörär ýaly
derejede giňmi?
џ
Binada lift barmy?
џ
Girelgeleriň agzyndaky (hajathana, lift, garbanyşhana diýen) ýazgylar Braýlyň
elipbiýinde ýerine ýetirilipdirmi? Poluň ýüzünde basgançaga gelip-geçmegiň ugruny
görkezýän belgiler barmy? Eger olar bolmasa, görüşi pes adamlar üçin ýörite goldawlar
göz öňünde tutulypdyrmy?
џ
Hajathanalar elýeterli edilip gurlupdyrmy?Hajathana külbeleri maýyplyk
arabajyklary sygar ýaly giňmi? Olarda ýörite tutawaçlar göz öňünde tutulypdyrmy?
џ
Baryljak ýerde goýlan stollaryň boýy maýyplyk arabajygynda başyna barmaga
amatlymy?
џ
Binanyň geçelgeleri, dälizleri maýyplyk arabajygy ýörär ýaly giňmi?
џ
Mýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlar üçin ýörtie sport çäreleri guralýarmy?
Maglumatlaryň elýeterliligi
џ
Maýyplygy bolan talyplar adaty umumybilim synplaryň düzümine goşulýarlarmy?
џ
Zerurlyk çekýän adamlara Braýlyň elipbiýinde ýazylan kitaplar, ýörite ses
ýazgylary berilýärmi?
џ
Eşidişi pes bolan okuwçylar düşüner ýaly, ses we şekil ýazgylarynyň aşaky
ýüzünden teswirleýji ýazgylar berilýärmi?
џ
Görüşi pes bolan adamlara iri harpda ýazylan okuw kitaplary berilýärmi?
џ
Zerur bolan maglumatlar sada dilde, elýeter edilip berilýämri?
џ
Maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan adamlara zerur bolan kömekler we
hyzmatlat ýola goýlanmy?
џ
Braýlyň elipbiýinde ýazylan maglumatlar bolmadyk ýagdaýynda, deň-duşlar
dilden/teswirlemek arkaly sapagy özleşdirmäge kömek berýärlermi?
џ
Kompýuter enjamlary (kompýuterler, aragatnaşyk enjamlary, maksatnamalaýyn
üpjünçilik, internet) elýeterlimi?
58
Alyp baryjy üçin bellik: Bu barlag kagyzlaryny ýerli şertlere görä laýyklaşdyryň
IV TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (30 minut)
Toparlara umumy toparyň elýeterliligini seljermäge degişli öz nutuklaryny taýýarlamagy
teklip ediň. Kiçi toparlaryň öňünde käbir jemagat birleşmeleriniň aýrybaşgalygyny ýeňip
geçmegiň dürli usullaryny tapmagy tabşyryň. Eýýäm şu gün, şu ýerde, häzir edip boljak
çäreler barada pikirlerini aýtmagy soraň.
Mysallar:
џ
Binanyň girelgesiniň öňünde maýyplyk arabajyklary üçin niýetlenen pandusy
gurup bolar. Şeýle edilende, tigir sürüjilere, çaga arabajyklaryny alyp çykýan eneatalara, tekerlije torbalardan peýdalanýan adamlara, ýaşululara, pişekli ýöreýänlere uly
ýagşylyk etdigiň bolar.
џ
Ýazgylar we maglumatlar has sada, düşnükli dilde ýa-da görnüşde ýerine ýetirilip
bilner.
џ
Agyz suwunyň çüwdürimjikleriniň boýy has beýik bosa, gapdalynda suwly
çüýşeleri goýup bolar.
џ
Duran stollar maýyplyk arabajyklarynda barardan has pes bolsa, olaryň
aýaklarynyň aşagyna agaç bölejiklerini goýmak bilen, birneme ýokaryk galdyryp bolar.
џ
Darlyk edýän bolsa, jaýyň içindäki goşlaryň ýerini üýtgedip bolar.
џ
Maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň köpçülige arkaýyn garyşypgatyşmagyna ýardam berýän maglumatlar elýeterli we düşnükli bolmalydyr, çagalara
we ýaşlara durmuşa has işjeň goşulyşmak üçin zerur bolan kömegi we hyzmatlary
almagyň ýollaryny adamkärçilik bilen salgy bermelidir.
џ
Mugallymlar we beýleki adamlar hemmeleriň deň derejede durmuşa
goşulyşmagy we durmuş amatlyklarynyň elýeter edilmegi meselelerinde sowatly
bolmalydyrlar.
џ
Hemmeleriň deň derejede durmuşa goşulyşmagyny ündeýän taglymat ýörite
maksatnamalaryň düzümine girizilýändir.
Sapakda aýratyn üns berilmeli ýerler:
Böwetler aradan aýrylmalydyr, adamlar agzybirlikde, bir topar bolup iş alyp
barmalydyr.
џ
Her bir adam elýeter jemagatda ýaşamaga haklydyr.
џ
Elýeter jemagatlar gyradeň elýeterligi üpjün edýär we ählumumy deňligiň
berkararlygyna eltýär.
џ
B.
Özbaşdak ömür sürmegiň daragty
Sapagyň gysga beýany:
Okuw döwrüniň bu tapgyrynda oňa gatnaşyjylar özbaşdak ýaşamagyň we garaşsyz
jemagaty goldamak üçin zerur bolan adam hukuklarynyň manysyna göz ýetirerler.
Maksady:
Sapaklar tamamlanýança, okuwçylar özbaşdak ýaşamagyň we garaşsyz jemagaty
goldamak üçin zerur bolan adam hukuklarynyň dürli görnüşlerini tanamagy öwrenerler
we olaryň wajyplygyna doly düşünerler.
Dowamlylygy:
1 sagat 15 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak we kiçi toparlarda işlemek
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler
59
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş (5 minut)
Topara her bir adamyň özbaşdak ýaşamaga hakynyň bardygyny düşündiriň. Bu
erkanalyk öz ýaşajak we işlejek ýeriňi öz islegiňe görä saýlap almak hukugyny
hem öz içine alýandyr. Her bir adamda öz jemagatyna arkaýyn garyşypgatyşmaga haky bardyr.
Özbaşdak durmuş diýmek dine bir hiç kime bagly bolman ýaşamagy aňlatmaýar.
Bu jümle öz içine möhüm çözgütleri kabul etmekde, öz durmuş ýoluňy saýlap
almakda garaşsyzlygy we özbaşdaklygy aňladýar. Eger-de jemagata goşulmak
üçin adama goşmaça kömek gerek bolsa, oňa şol kömek berilmelidir!
Okuwyň şu tapgyry özbaşdak durmuşyň daragtyny düzmegi, geljekde özümiz
üçin örän gymmatly zatlar baradaky pikir ýöretmeleri alar.
II TAPGYR: kiçi toparlarda işlemek (30 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan 4-5 adamdan ybarat bolan toparlara bölünmegi haýyş
ediň. Toparlaryň her birisine kagyz we flomasterleri paýlap beriň.
Tagtanyň ýa-da flipçartyň ýüzünde pudakly we kökli daragtyň suratyny çekiň. Her
bir topar hem öz daragtyny çeksin. Mundan soň özbaşdak durmuş sürmegiň köklipudakly daragtynyň dörediljekdigini aýdyň.
Toparlara şu aşakdaky sowallar dogrusynda pikirlenmegi teklip ediň:
џ
џ
џ
Siz durmuşda kim bolasyňyz gelýär?
Ömrüňizde haýsy zatlary iň gymmatly saýýarsyňyz?
Siziň üçin özbaşdak/garaşsyz ýaşamaklyk nämäni aňladýar?
Mysallar: oňat ýerde işlemek, öý satyn almak üçin pul gazanmak, dost edinmek,
çagalaryňa gözüň düşmek, özbaşdak bir karara gelmek, at-abraý gazanmak.
Goý, toparlar öz beren jogaplaryny çeken daragtlarynyň şahalaryna ýazsynlar.
Daragtlaryň şahasy doly bezelip bolandan soň, şu aşakdaky sowallary beriň:
џ
Eger-de şahalar mynasyp hem özbaşdak döwran sürmegi aňladýan
bolsalar, onda daragtyň kökleri näme bolmaly?
џ
Maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan adamlaryň arkaýyn hem özbaşdak
ýaşamagy üçin binýat döretmekde haýsy zatlar ileri tutulýar (haýsy kömekýardam berilmelidir)?
60
Mysallar: beýlekilere goşulyp okamak, sada dilde we düşnükli ýazylan
maglumatlar, ýokary hilli azyk önümleri, köpçülige barmak üçin zerur bolan
serişdeler (maýyplyk arabajygy), saglyk hyzmatlary, wepaly dostlar/durmuş
ulgamlary.
Alyp baryjy üçin bellik: eger-de okuwçylar daragtyň köklerini tapmakda kynçylyk
çekýän bolsa, olara adam hukuklarynyň mynasyp durmuş sürmegiň esasy kökleri bolup
durýandygyny ýatladyň. Çagalara Maýyplygyň hukuklary hakyndaky Konwensiýanyň
çagalar üçin düşnükli dilde taýýarlanan neşirine ýüz tutmagy maslahat beriň.
Mysal: özbaşdak durmuşyň daragty
Özbaşdak durmuşyň daragty
Sylag-hormat
Islän ýeriňe gitmek
Çagalaryň
Öý
Oňat ýerde işlemek
Wagtyňy hoş geçirmek
Ýanýoldaşyň
Agzybirlikde gatnaşmak
Özbaşdak durmuşyň kökleri
iýmit we suw
bilim
dostluk
hemmeler üçin deň
saglygy goraýyş
elýeterlilik
howpsuzlyk
öý we maşgala
hemmelere deň bolan gatnaşyk
Toparlardan öz işini tamamlandan soň, çeken daragtlaryny tutus klasa görkezmegi
haýyş ediň.
61
III TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (40 minut)
Toparyň agzalaryna ýerinden turup, çekilen suratlara golaý gelmäge rugsat ediň. Goý,
olar kiçi toparlaryň düzen daragtyny içgin synlap görsünler.
Eger-de toparyň arasynda isleg bildirýäni bar bolsa, olara rugsat beriň – goý, olar
durmuşy özbaşdak we mynasyp ýaşamaga öz düşünjesini beýan etsinler we munuň üçin
zerur bolan “kökleri” aýdyňlaşdyrsynlar. Olara şu sapagy geçirmek bilen, her bir adama
özbaşdak durmuşyň daragtyny ösdürip ýetişdirmäge ähli mümkinçilikleri döredýän
jemgyýeti gurmagyň ýollaryny öwretmekligiň maksat edinilendigini düşündiriň:
Sapakda aýratyn üns berilmeli zat:
џ
Her bir adam jemgyýetde özbaşdak ýaşamaga, göwün söýen kärinde zähmet
çekmäge haklydyr
џ
Jemagat toparlary hemmeler üçin elýeterli bolmalydyr we maýyplygyň dürli
görnüşlerine duçar bolan adamlara arkaýyn we özbaşdak durmuşy gurmakda zerur
bolan ýardamy bermelidir.
џ
Adam hukuklaryny berjaý etmeklik özbaşdak durmuşy gurmagyň altyn açarydyr
Alyp baryjy üçin bellik: berlen jogaplary üns bilen diňläň we her birisi boýunça
aýratynlykda pikir alyşmany guraň. Berlen jogaplaryň arasynda zorlugy gahar-gazapsyz,
paýhasly ýeňip geçmek barada edilen bellikleri goldaýandygyňyzy aýdyň. Şunda topara
gahar-gazabyň, zorluk etmegiň meseläni çözmeýändigini, kynçylygy diňe paýhas bilen
ýeňip bolýandygyny düşündirmäge çalşyň. Daş-töwerekdäki adamlar dawa-jenjeli
güýçlendirmeli däl-de, ony öçürmelidir. Araçy boljak bolsaň, ýumry-ýumşaklyk bilen ara
düşen towy çözmegi başarmaly, şunda özüni gorap bilmeýän, ejiz tarapa howandar
çykmak her bir adamyň borjudyr.
Toparyň agzalaryna ýüzlenip, adamkärçiligiň özüňden başlanýandygyny aýdyň. Her
adam öz ornunda agzybirligiň ýol almagynda öz jogapkärçiligini duýsa, beýleki adama
gyşyk söz atmasa, kemsidiji hereketleri etmese, agzalalyk döremeýär. Adam
kemsinmeýär.
Zerur bolan kömegi almagyň ýa-da zalymlygyň öňüni almagyň başga-da usullary bardyr:
62
Bilim almak
4-nji madda: Bilim almak
Her bir adam mekdepde okamaga haklydyr. Eger-de sizde maýyplygyň haýsydyr bir
görnüşi bar bolsa, munuň özi siziň bilim ulgamyndan çetleşdirilmegiňize sebäp bolup
bilmez. Siz aýratyn bir mekdepde okamaga borçly dälsiňiz. Siziň beýleki çagalar bilen
deň derejede, birmeňzeş okuw maksatnamalaryna laýyklykda bilim almaga hukugyňyz
bardyr, we siziň döwletiňiz munuň şeýle bolmagy üçin size zerur bolan kömegi bermäge
borçludyr. Meselem, ol siziň arkaýyn düşünişmegiňiz, mugallymlaryň bolsa siziň
hajatlaryňyza degişli ýagdaýda ähmiýet etmegi üçin zerur bolan serişdeleri we şertleri
üpjün etmelidir.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk barada”, UNISEF, 2008-nji ýyl, aprel aýy
30-nji madda. Medeni durmuşa gatnaşmak, boş wagtyňy we dynç alşy guramak hem
sport bilen meşgullanmak
Maýyplygyň dürli görnüşleri bolan adamlar, beýlekiler bilen deň derejede, medeniýete,
sporta gatnaşmaga, oýunlardan, filmlerden we beýleki hoşwagtlyk güýmenjelerinden
lezzet almaga haklydyrlar. Şonuň üçin teatrlar, muzeýler, sport meýdançalary we
kitaphanalar her bir adama, şol sanda maýyplygyň dürli görnüşleri bolan adamlara
elýeterli bolmalydyr.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk hakda”, UNISEF, 2008-nji ýyl, aprel aýy
Esaslandyrma we syn
Okuwyň bu tapgyrynyň baş maksady maýyplygy bolan okuwçy çagalaryň mynasyp
bilim almagyna böwet bolýan zatlara, şol sanda üstünden gülmek/howuny basmak ýaly
ýaramaz hadysalara bolan garaýyşy kemala getirmekden ybaratdyr. Sapaga
gatnaşyjylar käbir mekdeplerde duş gelýän kynçylykly hadysalardan çykalga tapmagyň,
hemme okuwçylaryň gündeki mekdep durmyşyna arkaýyn we göwünjeň
goşulyşmagynyň, howpsyz mekdep bileleşigini döretmegiň ýol-ugurlaryny gözlärler.
Umumy maksatlar we wezipeler
Sapak geçilenden soň, oňa gatnaşyjylar şu aşakdaky endikleri öwrenerler:
џ
Dürli okuw hajatlaryna gararlar hem-de bilim almaga päsgel berýän hadysalary
seljererler
џ
Adamyň degnasyna degmegiň/gorkuzyp howuny basmagyň manysyna göz
ýetirerler, şeýle ýaramaz hadysalaryň öňüni almagyň ýollaryny öwrenerler we
mekdepde howpsuz hem arkaýyn okamak üçin döredilmeli şertlere seljeriş bererler.
Her bir çaganyň mekdep durmuşyna arkaýyn garyşyp-gatyşmagyny üpjün edýän
meýilnamalary işläp taýýarlamak işine goşulyşarlar.
Sapagyň göz öňünde tutulýan dowamlylygy
4 sagat
Sapagyň esasy ugurlary
A.Ýyldyzlara atygsamak
B. Adamyň üstünden gülmek
Ç.Biziň synpymyz
63
A.Ýyldyzlara atygsamak
Sapagyň gysga beýany:
Bu sapaklarda okuwçylar bilim almagyň dürli ugurlary we bilime bolan hukuklary bilen
tanyşarlar.
Maksady:
Sapaklaryň ahyryna çenli toparyň agzalary bilim almaga päsgel berýän böwetleri ýeňip
geçmegi öwrenerler. Olar bu ugurda topar bolup, agzybirlikde iş guramagy endik
edinerler.
Dowamlylygy:
45 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler.
Işiň barşy
I TAPGYR: Giriş (10 minut)
Topara şu aşakdaky sowallary beriň:
Siziň haýsyňyz mekdebe gatnady ýa-da häzir gatnaýar?
Mekdebiň zerurlygy nämede? Biz näme üçin mekdebe barýarys?
џ
џ
Mysallar: bilim almak, okamagy we maglumatlary özleşdirmegi öwrenmek, hasap
çykarmagy başarmak, zähmete taýýarlyk görmek we ş.m.
Çagalara her bir adamyň mekdepde okamaga hukugynyň bardygyny kesgitli aýdyň.
Maýyplygyň dürli görnüşi bolan çagalar mekdeplerden çetleşdirilmeli ýa-da
ýöriteleşdirilen mekdeplere iberilmeli däldir.
Hemme çagalara berilýän bilimiň mazmuny
bir bolmalydyr, bir okatmagyň usulyýetinde
aratapawut bolup biler. Mekdebiň müdirligi,
mugallymlar we deň-duşlar mekdep jaýlarynyň
hemmelere deň derejede elýeterli bolmagyna
öz goşandyny goşmalydyrlar.
Döwletleriň hökümetleri bilimiň ühlumumy
häsiýete eýe bolmagyny syýasy taýdan
goldamalydyrlar. Häzirki geçiriljek sapaklar
bize adamyň bilim almaga bolan hukugynyň
mazmunyna düşünmäge we şol hukugy
gyşarnyksyz amala aşyrmagyň ýollaryna göz
ýetirmäge mümkinçilik berer.
64
II TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (30 minut)
Tagtanyň ýa-da kagyzyň ýüzünde ullakan (ululygy içinde 10-15 söz ýazar ýaly bolmaly)
ýyldyzlaryň üçüsini çekiň. Topara ýene-de bir gezek her adamyň bilim almaga
haklydygyny, mekdepleriň hemmelere deň derejede elýeterli bolmalydygyny ýatladyň.
Soň bolsa tagtanyň ýüzünde çekilen ýyldyzlara ünsi çekiň-de, okuwçylaryň aýratyn bir
jemagat topary bolup durýandygyny, şol topardaky her bir adamda güýçli we gowşak
taraplaryň bardygyny düşündiriň. Maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan çagalar bilim
almakda käbir kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar (UNESKO-nyň biraz aşakda
berilýän resminamasyndan getirilýän parça seret). Bu parçany topara sesli okap beriň.
Okamaga päsgel berýän şol böwetlikler barada ene-atalary habardar etmek, deňduşlara, mugallymlara, mekdep müdirine, ýerli häkimiýet edaralaryna ýüz tutmak arkaly
aradan aýrylyp bilner. Mundan başga-da, päsgelçilikler (böwetler) döwlet tarapyndan
maýyplygyň dürli görnüşi bolan çagalaryň umumybilim mekdeplerine beýlekiler bilen
deň derejede gatnamagyny üpjün etjek şertleri berjaý edende aradan aýrylar (şeýle
şertleriň arasynda mugallymlary ýörite taýýarlamak, mekdep binalarynyň gurluşyny
üýtgetmek we ş.m. girýär).
UNESKO-nyň habar bermegine görä, ösüp gelýän döwletlerde maýyplygyň dürli
görnüşlerine sezewar bolan çagalaryň 95%-i mekdebe gatnaýan däldir.
Çeşmesi: “Birleşen Milletler Guramasy mümkinçilikleri açýar”; has giňişleýin bu barada
www.un.org/disabilities/convention/pdfs/factssheet.pdf. saýtynda maglumat alyp
bilersiňiz.
Ýyldyzlaryň her birisiniň içinde şu sözbaşylary ýazyň:
Okuwçylaryň köpdürlüligi
Bilim almaga päsgel berýän böwetlikler
Toparda işlemek
џ
џ
џ
Mysal: ýyldyzlara atygsamak
Okuwçylaryň
köpdürlüligi
Bilim almaga
päsgel berýän
böwetlikler
Toparda
işlemek
Topara şu aşakdaky sowallary beriň we alan jogaplaryňyzy degişli ýyldyzyň içinde
belläň:
Okuwçylaryň köpdürlüligini häsiýetlendirmek üçin haýsy sözleri peýdalanmak
bolar? Maýyplygyň haýsydyr bir görnüşi bolan ýa-da bolmadyk okuwçylar
Mysallar: zähmetsöýer, üns berip diňleýän, kynlyk bilen okaýan, hasaby oňat bilýän,
hemişe kömek bermäge taýýar, aň-düşünjeli, soranjaň.
џ
65
џ
Maýyplygyň dürli görnüşi bolan çagalaryň arkaýyn bilim almagyna näme böwet
bolup bilýär?
Mysallar: ene-atasy çagasyny mekdebe goýberenok, mekdebe barmak kyn, çagany
mekdebe salanoklar, mugallymlar maýyp çagalary okatmagy başaranoklar we muny
islänoklar, deň-duşlar maýyplaryň üstünden gülýärler, Braýlyň elipbiýinde ýazylan okuw
kitaplary ýok, surdoterjimeçi tapylanok, mekdep sapagy sada dilde düşündirilenok,
maýyplygyň dürli görnüşi bolan çagalar synp otagynyň içinde iň çetki partalarda
oturdylyp, olara asla üns berlenok.
Bu böwetlikleri ýeňip geçmek üçin biz näme edip bileris?
Mysallar: öz ýaşaýan ýerimizde maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan çagalaryň eneatalar tarapyndan mekdebe gatnamagy we köpçülige goşulmagy gadagan edilýän
hadysalary ýüze çykarmak; olaryň ene-atasy bilen mekdepde okamagyň zerurlygy we
peýdasy barada gürrüňdeşlik geçirmek (mekdep durmuşynyň hilini ýokarlandyrýar, deňduşlar bilen dostlaşdyrýar, zähmet endiklerini öwredýär we ş.m.) mugallymlardan ýa-da
mekdebiň müdirliginden maýyp çagalar baradaky maglumatlary sorap bilmek; synp
toparlarynda maýyplygy bolan çagalar bilen dostlaşmaga höwesi artdyrmak;
mekdepleriň maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan çagalary kabul etmäge
gyzyklanmasyny artdyrmak; maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň mekdebe
barmagynyň peýdaly (durmuşda zerur bolan endikleri öwrenmek, hünär endiklerini
edinmek, pul gazanmagy öwrenmek, durmuşda öz başyňy çaramagy endik edinmek)
taraplaryny açyp görkezýän kiçi göwrümli neşirleri we maglumat kagyzlaryny işläp
taýýarlamak we ýaýratmak; deň-duşlaryň arasynda maýyplygy bolan çagalara
okamaga, ýazmaga, öwredilen sapaklary gaýtalamaga, mugallymyň tabşyran
ýumuşlaryny has düşnükli dilde aýdyp bermäge kömek etjek çagalary bellemek; her bir
adamda onuň mertebesini sylamak; maýyplygy bolan çagalaryň bilim almaga bolan
hukugyny berjaý etmekden boýun towlanýan ýagdaýlary resmi taýdan bellige almak we
muny ýerli häkimiýet edaralaryna habar bermek bilen, mekdepleriň hemmelere deň
derejede elýeter bolmagyny gazanmaklyk.
џ
66
III TAPGYR: sapagyň jemlerini jemlemek (5 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan öz mekdebinde durmuşa geçirmegi maksat edinýän we bu
ugurda işjeň hereket etmegi ýüregine düwen haýsydyr bir pikiri ýa-da asylly başlangyjy
saýlap almagy we teswirlemegi haýyş ediň. Topardan bir ýa-da birnäçe adama öz
pikirlerini tutuş topar bilen maslahatlaşmagyna ýagdaý dörediň.
Sapakda aýratyn nygtamaly ýerler:
Her bir adam özüçe okaýar, başarşyndan, öz ukybyna göräräk bilim alýar,
sapaklara ýetişýär.
џ
Zerur bolan maglumatlaryň giňden wagyz edilmegi, adamlaryň habardarlygynyň
ýokarlandyrylmagy bilime barýan ýoldaky kynçylyklary ýeňip geçmäge ýardam
berýändir.
џ
Bilim almak her bir adamyň eldegrilmesiz hukugydyr.
џ
Eden-etdilik/gorkuzyp howuny basmak
Sapagyň gysga beýany:
Okuwyň bu tapgyrynda sapaga gatnaşyjylar adamyň ýok ýerden üstünden gülüp,
degnasyna degmek (gorkuzyp, howuny basmak) ýaly ýaramaz hadysalaryň betgylyk
manysyna göz ýetirerler we şeýle ýagdaýlaryň daş-töwerekdäki adamlara ýetirýän
täsirini seljererler.
Maksady:
Sapaklar tamamlanýança toparyň agzalary ýok ýerde bahana arap, adamyň degnasyna
degmegiň (gorkuzyp, howuny basmagyň) dürli görnüşlerini tanamagy öwrenerler we
ejize ganymlyk edilen ýerinde şeýle betnyşanlygyň öňüni almagyň ýollaryna garap
geçerler. Sapaga gatnaşyjylara ejize zulum salnan ýerinde daş-töwerekdäkileriň bu
zatlaryň bes edilmegini gazanmakda paýhasly ýardamynyň hem jogapkärçiliginiň
uludygy düşündiriler.
Dowamlylygy:
2 sagat
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Keşbe girip oýnamak, umumy toparda pikir alyşmak, kiçi toparda işlemek we geçirilen
işleriň netijesi bilen tanyşmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Hiç hili esbap gerek bolanok
Alyp baryjy üçin bellik:
eger-de pikir alyşmak, seljermeleri geçirmek üçin zorlugyň we sütem edilmeginiň dürli
mysallary gerek bolsa, şu gollanmanyň “Zorluk we namysa degmek” atly II babyna
ýüzlenip bilersiňiz.
67
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş (5 minut)
Topara şu sapaklarda adamyň üstünden gülmek, onuň degnasyna degmek, gorkuzyp
howuny basmak ýaly ýaramaz hadysalara garalyp geçiljekdigini aýdyň. Eger-de
topardan isleg bildirýän bar bolsa, oňa adamyň üstünden gülmek diýip nämä
düşünýändigini aýdyp bermegi soraň.
Ejize ganym bolup, ýok zady bahanalap oňa bilkastlaýyn zyýan ýetirilende, adamyň
üstünden gülmek, degnasyna degmek, ony gorkuzmak, howuny basmak ýaly ýaramaz
hadysalar orun alýar. Adamyň degnasyna degmek hem zorlukdyr, ol dürli görnüşde
bolup bilýär: tene şikes ýetirilende (itilende, urlanda), aňa zor salnanda (gorkuzylanda,
üstünden gülnende, sögülende) adam özüni gaty ejiz we oňaýsyz duýýar. Şeýle
ýagdaýlary kämahal mekdeplerde görüp bolýar. Tutuş dünýäde ýörite geçirilen pikir
soralşygynyň netijesinde çagalaryň 6-%-ine çenlisi soňky aýyň dowamynda üstünden
gülnendigini, şeýle ýagdaýda özleriniň kemsinendigini aýtdylar. Maýyplygyň dürli
görnüşi bolan çagalar bolsa şeýle ýagdaýda has hem ejiz bolýar.
Çeşmesi: BMG-niň Baş Sekretarynyň çagalar babatynda edilen zorluklary öwrenmek
boýunça seljermesiniň çagalar we ýaşlar üçin sada we düşnükli dilde işlenip taýýarlanan
neşiri. Birleşen Milletler Guramasy, 2006-njy ýyl.
II TAPGYR: kiçi toparda işlemek (15 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan 4-5 adamlyk toparlara bölünmegi haýyş ediň. Emele gelen kiçi
toparlaryň her birisine adamyň degnasyna degmek hadysalarynyň 5 mysalyny ýazmagy
tabşyryň.
Topardan isleg bildirýän adamlaryň ikisine ejize ganym bolunýan hadysany sahna edip
görkezmegi teklip ediň. Orta çykanlary bir çete çykaryň-da, olara keşbe girmegiň şu
aşakdaky sahnasyny öwrediň, beýlekiler bolsa şol wagt ozalky berlen tabşyrygy berjaý
etsinler.
Keşbe girip oýnamagyň sahnasy
1-nji okuwçy: (mekdep jaýynyň eýwanyndan pişekli ýöräp gelýär)
2-nji okuwçy: (1-nji okuwçynyň göni üstüne ylgap gelýär we ony itýär-de:) Seret-dä,
gelýän ýeriňe, garagyň gapykmy?! - diýýär
1-nji okuwçy: Bagyşla welin, üstüme abanyp duran men däl-de, sen ahyry!
2-nji okuwçy: Men bolarynmy? Ilki ýöremäni öwren, düşdüňmi? (1 nji okuwça tarap
azymly ýönelýär) – Aslynda, sen özüň kim?
1-nji okuwçy: Meni günüme goý! Men saňa näme etdim?
2-nji okuwçy: Hany, sumkaňda näme bar? Iýmäge zat barmy? Al bärik!
1-nji okuwçy: (birneme eýmenýär) – Ol meňki ahyry! Berjek däl.
2-nji okuwçy: (sumkanyň içindäki ertirligi garbap alýar) – Öň seniňkidi, indi meniňki. Aljak
bolsaň, kowala-da yzymdan ýetäý (diýip, gaçyp gidýär) .
68
1-nji okuwçy: (Biçäre halda onuň yzyndan garap galýar)
II TAPGYR: keşbe girip oýnamak (30 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan umumy topara dolanyp barmagy we öz ýazan mysallaryndan
ikisini görkezmegi haýyş ediň. Soňra bolsa, olara ýokarda beýan edilen sahnanyň
görkeziljekdigini habar beriň.
Sahna başlamanka, okuwçylara şuny aýdyň:
џ
Bu sahna mekdep jaýynyň eýwanynda, sapaklaryň arasyndaky arakesmede,
günortanlyk nahar wagtynyň öň ýanynda bolup geçýär. Sahna gatnaşyjylaryň biri
poliomiýelit keselinden soň maýyp bolup, pişekli ýöreýär.
Soňra bolsa, sahna gatnaşmak isleg bildiren iki çagadan keşpleri ýerine ýetirmegi haýyş
ediň. Sahna tamamlanansoň, sapaga gatnaşyjylardan şu zatlary soraň:
џ
Sahnada görkezilýän hereketleriň haýsysy adamyň degnasyna degmek bolýar?
џ
Siz şol zatlary göreniňizde nähili duýgulary başdan geçirdiňiz?
џ
Kim kimi kemsitdi?
џ
Siz şu zatlary durmuşda-da görüpmidiňiz?
Ýokardaky sowallara her kim öz pikirini aýdansoň, topardan esasy zady soraň:
џ
Siziň pikiriňizçe, şunuň ýaly gelşiksiz ýagdaýlar nämeden döreýär?
џ
Şeýle betnyşanlyga ýüz uran betniýet adamyň gazanýan zady näme?
IV TAPGYR: Kiçi toparlarda işlemek (20 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan ýene-de kiçi toparlara dolanyp barmagy haýyş ediň.
Toparlaryň her birisine özüniň getiren mysallarynyň birini sahnalaşdyrmagy tabşyryň.
Özi hem sahna diňe bir ejize ganym bolmagyň mysalyny görkezmek bilen çäklenmän,
şeýle ýagdaýyň çözgüdini hem hödürlemelidir. Meselem, daş-töwerekdäkileriň birisi
kemsidilýäniň tarapyny çalyp, betniýete dogry ýöremegi salgy berip biler.
V TAPGYR: Kiçi toparlaryň tanyşdyrylyşyny geçirmek (45 minut)
Topara çagalaryň we ýetginjekleriň aňyna ejize ganymlyk edilen ýerinde çetde durman,
şeýle zatlary görüp durkalar ara goşuluşyp, ýaramaz hadysalaryň öňüni almalydygyny
düşündiriň. Şunda adam şu aşakdakylary edip biler:
“Göremok-bilemoga” salyp gitmek.
Ezilip kemsidilen okuwçynyň ezýetlerini bir gezekde görse, beýlekide görmezlige
salmak
џ
Kemsidilen adamyň başyna salnan ýagdaýyň göwnüňize ýaramaýandygyny
aýtmak we ondan özüňiziň näme kömek edip biljekdigiňizi soramak (meselem, siz bu
ýagdaýy kimdir birine ýetirip ýa-da onuň bilen bile gidip, şaýat bolup bilersiňiz).
џ
Okuwçynyň elinden tutup, “Ýör çaltrak, biz saňa garaşyp durus ahyry!” diýmek
arkaly ony halas etmek (ýöne muny diňe ýagdaýlaryň howpsuzdygyna doly göz
ýetireňsoň edip bolar.)
џ
Adamyň kemsidilip, degnasyna deglendigini öz gözüň bilen görüp, oňa şaýat
bolmak arkaly goldaw bermek.
џ
џ
Çeşmesi: bu sapak üçin zerur bolan maglumatlar Sýu Bollyň
we okatmak
www.bgfl.org/services/stopbullying/default.htm saýtyndaky işinden
ekspertizasynyň www.teachingexpertise.com/articles/bullying-and-the-bystander1615 saýtyndan alyndy.
69
Indi bolsa kiçi toparlardan özüniň keşbe girmek arkaly taýýarlan sahna oýunlaryny tutuş
topara görkezip, deň-duşlar bilen adamyň üstünden gülüp, degnasyna degmek ýaly
ýaramaz hadysalary ara alyp maslahatlaşmagy teklip ediň.
Şunda keşbe girip görkezilýän sahnalaryň her biri bilen tanyşdyrylyş geçirilende şu
aşakdaky sowallary beriň:
џ
Sahnada görkezilen ýagdaýlaryň haýsysyny “adamyň degnasyna degmek” diýen
jümle bilen kesgitläp bolar?
џ
Bu zatlary göreniňizde siz nähili duýgylary başdan geçirdiňiz?
џ
Kim-kimiň üstünden düşüp, peslige ýüz urdy?
џ
Adamy kemsidip, onuň degnasyna degilip durka, siz näme etmeli diýen karara
geldiňiz?
џ
Siz özüňiz ejize hossar çykýan adam bolup bilerdiňizmi – nähili pikir edýärsiňiz?
џ
Özüňiziň mysal hökmünde saýlap alan ýagdaýyňyzdan baş alyp çykmak üçin
beýlekilere näme salgy berip (teklip edip) bilersiňiz?
Şu ýerde ejize ganymlyk edilip, onuň başyndan sütem bary inderilende, ýaramaz
hadysany aradan aýyrmagyň birnäçe ýollaryny salgy berip bilersiňiz:
џ
Mekdepde özüňi adamkärçilikli alyp barmagyň kadalaryny kabul etmegi teklip
edip bolar ýa-da mekdebiň işgärleriniň we okuwçylarynyň ählisine kabul ederlikli we
hemmelere gyradeň gatnaşygy üpjün edýän ýörelgeleriň ýola goýylmagyny gazanyp
bolar. Şu kadalardan mekdepde hemmeleriň habardardygyna we ýaramaz hadysa ýol
berlen ýagdaýynda bu barada mugallymlara we mekdebiň beýleki işgärlerine habar
bermäge ýagdaýyň döredilendigine doly göz ýetiriň.
џ
Okaýan mekdebiňizde hemme adama deň göz bilen garamak, hemmelere deň
derejede sylag-hormat etmek kadalarynyň berjaý edilmegine ýardam etmek.
Adamlara kimdir biriniň üstünden düşüp, kemçiligini gyjalat berip degnasyna degmegiň
zorluk-sütem bolup durýandygyny düşündirmek hem oňat netije berýär. Şu maksat bilen
mekdep jaýlarynda asyp goýmaga niýetlenen ýörite plakat suratlary taýýarlap bolar.
Ejize ganym bolmagyň peslik hem gelşiksiz ýagdaý bolup durýandygyny düşündirýän bu
plakatlaryň görnükli ýerinde “Her bir adam sylaga mynasypdyr” diýen jümläni ýazmak
gerek.
VI TAPGYR: Sapagyň jemini jemlemek (5 minut)
Geçilen sapagy jemlemek bilen, okuwçylaryň ünsüni her bir adamyň bilim almaga, özüni
howpsuz duýup ýaşamaga haklydygyny düşündiriň. Az ýerden bahana arap, adamyň
üstünden düşmek, oňa gyjalat berip degnasyna degmek kemsitmäniň ulusydyr. Şeýle
gelşiksiz hadysalaryň durmuşda asla gabat gelmezligine biziň her birimiz jogapkärdiris.
Sapakda aýratyn nygtamaly ýerler:
Adamyň üstünden gülmek peslikdir, kemsidilmegiň ulusydyr.
Mekdepde her bir adam özüni howpsuz duýmalydyr.
Has ejiz çagalar beýlekilere garanyňda kemsidilmelere has köp duçar edilýändir.
Maýyplygy bar adamlaryň hemmesi kemsidilmelere sezewar edilýän hem däldir.
Munuň üçin mekdepde okaýan ýaşlaryň arasynda adamkärçilik ýörelgeleriniň berkarar
bolmagyny gazanmak gerek. Köpçülik maýyplygy bolan adamlara sylag-hormat bilen
garamagy özüne kada edinende, kemsitmelere orun galmaýar.
џ
џ
џ
џ
Çeşmesi: BMG-niň Baş Sekretarynyň çagalar babatynda edilen zorluklary öwrenmek
boýunça seljermesiniň çagalar we ýaşlar üçin sada we düşnükli dilde işlenip taýýarlanan
neşiri. Birleşen Milletler Guramasy, 2006-njy ýyl.
70
Ç. Biziň synpymyz
Sapagyň gysga beýany:
Okuwyň nobatdaky bölüminde oňa gatnaşyjylar mekdebiň gündeki durmuşynyň
maýyplygyň dürli görnüşine duçar bolan çagalaryň hemmesiniň deň derejede
goşuluşmagyny üpjün etmeginiň ýollaryny öwrenerler.
Maksady:
Sapaklar ahyrlanýança toparyň agzalary mekdep durmuşynyň her pursatynyň
adamkärçilikli, sylaşykly geçmegini, her bir işe, şol sanda günortanlyk naharyna we
guralýan oýunlara hemme okuwçylaryň deň derejede goşulmagyny gazanmagyň
ýollaryny seljererler. Sapaga gatnaşyjylar her bir adamyň mynasyp okamagynyň,
ýokary hilli bilim almagynyň gymmatyna göz ýetirerler.
Dowamlylygy:
1 sagat 15 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak, kiçi toparda işlemek we olaryň işi bilen tanyşdyrmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler
Işiň barşy
I TAPGYR: Giriş (5 minut)
Topara häzirki sapakda hemmeleriň gyradeň goşuluşmagyny üpjün edýän okuw
otaglarynyň öwreniljekdigini habar beriň.
Hemmeleriň gyradeň goşulyşmagyny üpjün edýän mekdep jaýlaryna islendik ukypbaşarnyga eýe bolan çagalaryň hemmesiniň deň derejede goşulyşyp bilýän synp
otaglary ýa-da mekdep binalary degişli edilýändir. Şol ýerde ten şikesiniň haýsydyr bir
görnüşi bar bolan ýa-da asla bolmadyk okuwçylaryň hemmesi agzybirlikde, birek-birege
sylag-hormat etmek bilen duşuşyp, bir-birine bilmedik ýerinde kömek berip, täze
bilimleri özleşdirýärler.
II TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (15 minut)
Sapaga gatnaşyjylara şu soraglary beriň we goýan her bir soragyňyzy tagtanyň ýa-da
kagyzyň ýüzünde belläň:
џ
Mekdebiň her güni nähili geçýär?
џ
Okuwyň her bir gününde nämeleri berjaý etmeli bolýarsyňyz?
Jogap berlende, mekdebe gitmek hem ondan gaýtmak, okadylýan sapaklary
özleşdirmek, günortanlyk naharyny edinmek, gurnaklara ýa-da sport seksiýalaryna
gatnaşmak, boş wagty peýdaly guramak ýaly wajyp ugurlary ýatdan çykarmaly däldir.
III TAPGYR: kiçi toparlarda işlemek (20 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan 4-5 adamdan ybarat bolan toparlara bölünmegi haýyş ediň.
Toparlaryň her birisine gündeki mekdep durmuşynyň bir bölegini saýlap almagy
tabşyryň (toparlar biri beýlekisini gaýtalamasyn: bir topar mekdebe barýan ýoly geçmegi
saýlap alsa, beýlekisi sapak geçmegi, üçünjisi – arakesmäni, ýene-de birisi – saz
sapagyny we ş.m. saýlap alyp biler)
71
Toparlaryň her birisine adamda bolup bilýän ten we aň şikesleriniň dürli görnüşindäki
(görüşi pes, eşidişi gowşak, synasy şikesli, aňy pes) çagalar beýlekiler bilen deň
derejede geçirilýän sapaga arkaýyn hem göwnaçyk goşuluşyp biler ýaly guramagyň
usulyny tapmagy haýyş ediň. Toparlar şu maksat bilen dürli suratlary çekip, keşbe girip
sahnalary janlandyryp ýa-da öz synp topary barada täsirli teswiri ýazyp bilerler.
Toparlara mekdep jaýlarynyň hem, zerur bolan maglumatlaryň hem ähli çagalara
elýeterli edilmegiň zerurlyk bolup durýandygyny ýene-de bir gezek ýatladyň (elýeterliligiň
barlag kagyzyna seret)
IV TAPGYR: Kiçi toparlaryň işi bilen tanyşmak (35 minut)
Kiçi toparlara hemmeleriň goşulyşmagyny üpjün etmäge bagyşlanan öz işleri bilen
tanyşdyrmagy teklip ediň. Tanyşdyrylyşlaryň barşynda hemmeleri köpçülige çekmegiň
oňyn, täsirli we netijeli usullaryna aýratyn üns beriň, her bir usulyň peýdaly we zyýanly
taraplaryny teswirläň. Toparyň işjeňligini artdyrmak maksady bilen, oturanlaryň hem bu
baradaky pikirini ýygy-ýygydan sorap duruň
Sapakda aýratyn bellemeli ýerler:
Sapaga hemmeler deň derejede goşulanda, synp topary agzybir, alnan bilimler
siňňitli bolýar.
џ
Maýyplygyň dürli görnüşi bolan çagalar mekdep durmuşynyň hiç bir ugrundan
çetleşdirilmeli däldir. Sapaklara, günortanlyk naharyna, sporta, bedenterbiýä, döredijilik
işlerine çekilen ýagdaýynda, olaryň hem zehini we başarnygy açylýandyr.
72
IV BAP:
Jemgyýeti kämilleşdirmek
73
Wagyz etmek we anyk işler
Esaslandyrma we syn
Okuwyň indiki tapgyrlary sapaga gatnaşyjylary her bir adamyň we hemmeleriň
hukuklarynyň doly berjaý edilmegini we durmuşynyň hilini düýpli gowulandyrmagy
gazanmak üçin zerur bolan durmuş özgertmeleri geçirilmeli ugurlar bilen tanyşdyrmagy
maksat edinýär. Toparyň agzalary netijeli işleýän aklawçylara (wagyzçylara, hukuk
goraýjylara) mahsus häsiýetli taraplary kesgitlemegi öwrenerler we ilaty has giňden
habardar etmegiň, adamlary köpçülikden çetleşdirmek ýaly ýaramaz hadysalaryň öňüni
almagyň ýol-ugurlaryny seljererler. Şeýle-de bu sapagyň dowamynda okuwçylar synasy
şikesli adamlaryň hukuklarynyň giňden wagyz edilmegi (goralmagy) bilen olaryň berjaý
edilişiniň öwrenilmeginiň arasyndaky göni arabaglanşygy ýüze çykararlar.
32-nji madda. Okuw-terbiýeçilik işi
Hökümetler maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak, olaryň
başarnygyny we oňat endiklerini ýaýmak boýunça jemgyýeti giňden habardar etmelidir.
Olar maýyplygy bolan adamlara zeper ýetirip biljek köne düşünjelerden, ynançlardan,
hereketlerden, adatlardan saplanmak barada ylalaşýarlar. Meselem, siziň okaýan
mekdebiňizde hemmelerde, hatda iň kiçi ýaşly çagalarda-da maýyplygy bolan adamlara
mähirli we sylaşykly garaýyşlary terbiýelemek işi yzygiderli höweslendirilmelidir.
Çeşmesi: “Bularyň barysy başarnyk barada, UNICEF, 2008-nji ýyl, aprel aýy.
33-nji madda. Gözegçilik etmek (monitoring)
Konwensiýa bilen ylalaşan we ony ykrar eden her bir döwletiň hökümeti şu
Konwensiýany berjaý etmekde öz üstüne alan borçlarynyň amala aşyrylmagynda
ýetilýän sepgitleri doly öwrenmelidirler we bu ugurda hasabaty ýola goýmalydyrlar.
Raýat jemgyýeti hökmany suratda Konwensiýanyň berjaý edilişine ýola goýlan
gözegçilik işlerine ýakyndan gatnaşmalydyr.
Çeşmesi: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýa, Birleşen
Milletler Guramasy, 2006-njy ýyl.
34-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Komitet.
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Ýörite Komitet Konwensiýa gol çekişen
döwletleriň hökümetleri tarapyndan saýlanar. Bu Komitet wagtly-wagtynda öz mejlislerini
geçirip, Konwensiýanyň gyşarnyksyz berjaý edilmegini üpjün eder, şeýle-de ýüze
çykýan sowallara anyk jogaplary berer we maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň
hukuklaryny goramakda döwletleriň we birleşmeleriň işini ugrukdyrar.
Çeşmesi: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýa, Birleşen
Milletler Guramasy, 2006-njy ýyl.
35-nji madda. Hasabat çykyşlary we Komitetler.
Konwensiýa goşulyşmak bilen, onuň agzasyna öwrülen döwletleriň her birisi wagtlywagtynda Ýörite Komitete maýyplygyň dürli görnüşleri bolan adamlaryň hukuklaryny
goramakda edilen işleriň ýazmaça hasabatyny bererler.
74
Çeşmesi: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary baradaky Konwensiýa, Birleşen
Milletler Guramasy, 2006-njy ýyl.
Umumy maksatlar we wezipeler
Şu sapaklar tamamlanýança toparyň agzalary şu aşakdaky endikleri özleşdirerler:
џ
Bellenilen oňyn häsiýetli özgerişliklere ýetmekde esasy şert bolup durýan
wagyz/gorag we ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak (okuw-terbiýeçilik işlerini
güýçlendirmek) çäreleriniň gymmatyna düşünmek.
џ
Netijeli işleýän aklawçylara (wagyzçylara, magaryfçylara) mahsus häsiýetleri
ýüze çykarmak.
џ
Çagalaryň we ýetginjekleriň öz öýünde, mekdebinde, gatnaşýan toparynda
amala aşyryp bilýän oňyn özgertmelerini ýüze çykarmak.
џ
Öz toparlarynda her bir adamyň köpçülige goşuluşyp bilmegini we garyşypgatyşmagyny üpjün edýän hakyky mümkinçilikleri döretmekdäki ilkinji ädimleri
kesgitlemek we bellemek
џ
Düýpli durmuş özgertmelerini amala aşyrmak çäreleriniň düýpli meýilnamasyny
işläp taýýarlamak
џ
Saýlanyp alnan ugra we bellenilen maksatlara ygrarly bolmak
Sapagyň göz öňünde tutulýan dowamlylygy
4 sagat 15 minut
Sapaklaryň esasy ugurlary
A.
Ilatyň habardarlygyny ýokarlandyrmak
B.
Aklawçy (wagyzçy/hukuklary goraýjy/magaryfçy) kimdir?
Ç.
Geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny düzmek
A.
Ilatyň habardarlygyny artdyrmak
Sapagyň gysga beýany:
Bu okuw sapaklary ilatyň arasynda maýyplyk baradaky maglumatlary ýaýratmakda we
adamkärçilikli garaýyş-gatnaşyklary wagyz etmekde (terbiýeçilik-aň-bilim işiniň hilini
ýokarlandyrmakda) anykdan-aýdyň başlangyçlary hem tagallalary birleşdirmekde we
bu ugurda hereket etmekde sapaga gatnaşyjylaryň ukyp-başarnygyny artdyrmaga
gönükdirilendir.
Maksady:
Sapagyň ahyryna çenli oňa gatnaşyjylar ilatyň arasynda maýyplyk baradaky
maglumatlary ýaýratmakda we adamkärçilikli garaýyş-gatnaşyklary wagyz etmekde
(terbiýeçilik-aň-bilim işiniň hilini ýokarlandyrmakda) anykdan-aýdyň başlangyçlary öňe
sürmegi başararlar.
Dowamlylygy:
45 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Çekeleşikli pikir alyşmalary guramak
Peýdalanylýan esbaplar:
Flipçartlar
75
Işiň barşy:
I TAPGYR: Çekeleşikli pikir alyşmak (30 minut)
Topara şu aşakdaky sowallary beriň:
Biziň jemgyýetimizde (jemagatymyzda) maýyplyga bolan garaýyşlary/gatnaşygy
özgertmek zerurlygy barmy?
џ
Biz jemgyýeti nädip özgerdip bileris?
џ
Synasy dürli şikesli adamlaryň köpçülige goşulyşmak hem garyşyp-gatyşmak
babatynda özlerinde bar bolan hukuklar barada habardarlygyny nädip ýokarlandyryp
bileris? Biz munuň üçin näme etsek bolar?
Işjeň ýagdaýda pikir alyşmak arkaly ilatyň maýyplyk baradaky habardarlygyny
ýokarlandyrmak (adamlaryň terbiýeçilik-aň-bilim gözýetimini giňeltmek) boýunça oňyn
häsiýetli başlangyçlaryň sanawyny düzüň.
џ
II TAPGYR: Sapagyň jemlerini jemlemek (15 minut)
Köpçüligiň maýyplyk baradaky habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça orta atylan
teklipleri we başlangyçlary ýene-de bir gezek gözden geçiriň we jemini jemläň. Sapaga
gatnaşyjylary her birisine şol teklipleriň birini saýlap alyp,bu ugurda oňyn netijeleri
gazanmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamagy tabşyryň.
Maýyplyk barada habardarlygy ýokarlandyrmagyň ýollary
76
џ
Adamlaryň, şol sanda synasy dürli şikesli bolan adamlaryň öz hukuklaryny berjaý edişini
açyp görkezýän plakat suratlary çekmek we olary köpçüligiň barýan ýerlerinde asyp goýmak.
Diwar suratlarynyň her birisiniň aşaky çetinde “Munda hemmeleriň orny bardyr!” diýip ýazyp
bolar.
џ
Şu okuw maksatnamasyndan gören, bilen, eşiden, öwrenen zatlaryňyzy öz
maşgalaňyzda we deň-duşlaryňyzyň arasynda wagyz etmek hem-de olary maýyplaryň
hukugyny goramaga çagyrmak
џ
Terbiýeçilik-aň-bilim işlerini hereketleriň bilen berkitmek. Eger-de siz kimdir biriniň
maýyplygy bolan adam barada kembaha sözleri aýdýandygyny ýa-da onuň gybatyny
edýändigini eşitseňiz, ýüz görmesiz munuň kemlikdigini we peslikdigini aýtmagyňyz gerek.
Şunda siziň sözüňiz agras, agramly, şol bir wagtyň özünde-de paýhasly bolmalydygyny ýatdan
çykarmaň.
џ
Ýaşaýan ýeriňizde ýerleşýän dükanlaryň, mekdepleriň, edara jaýlarynyň ýolbaşçylaryna
ýüzlenip, şol binalaryň girelgesiniň öňünde maýyplyk arabajyklary ýçin niýetlenen ýörite
panduslary gurmagy haýyş etmek.
џ
Düzümine beýlekiler bilen deň derejede synasy şikesli adamlaryň hem goşulyşan
birleşmäni ýa-da topary döretmek.
џ
Maýyp adamlaryň hukuklarynyň kemsidilendigine gözli şaýat bolsaňyz, bu maglumatlary
howpsuzlyk/gizlinlik şertlerini berjaý etmek bilen köpçülige ýetirmek we geljekde şeýle ýaramaz
hadysalaryň öňüni almak üçin delil edinmek.
џ
Ýerli we milli köpçülik habar beriş serişdelerine ýüzlenip, synasynda dürli şikesler bolan
adamlaryň hukuklary we şol adamlaryň köpçülige goşulyşmagynyň zerurlygy baradaky
makaladyr maglumatlaryň çap edilmegini gazanmak.
џ
Maýyplaryň hukuklaryna bagyşlanan täze gazeti döretmek ýa-da ýerli gazetde şu ugra
bagyşlanan ýörite burçy ýöretmek.
џÖz hukuklaryň ugrunda göreşmek! Köpçüligi habardar etmek (adamlaryň terbiýeçilik-aň-bilim
gözýetimini giňeltmek) üçin synasy şikesli adamlaryň özleri-de pugta durmalydyrlar. Öz
hukuklaryň berjaý edilmegini gazanmak, özbaşdak ýaşamak, köpçülige garylyp-gatyşmak,
mekdep durmuşyna giňden goşuluşmak, asylly görelde bolup beýlekileri yzyňa düşürmek, ilki
bilen, özüňe baglydyr.
џ
Jemgyýetiň durmuşyna goşulyşmakda bökdençlik döredýän böwetlikleri ýeňip geçmäge
çagyrmak we bu ugurdaky teklipleriňi batyrgaýlyk bilen orta atmaklyk.
џ
Bu asylly işe wezipeli, jogapkärli, işbaşarjaň adamlary çekmek.
Sapakda aýratyn bellemeli ýerler:
Saýlap alan ugruňyzda hemişe hoşniýetli hereket etmelidir, ýagşy dilegde
bolmalydyr. “Başyna barsak, biz muny başararys!”, “Agzybir dursak, bitmän galjak iş
ýok!”, “Durmuş hem, ony özgertmek hem özümize bagly!” ýaly jümleler diliňizden
düşmesin.
џ
Toparyň pikirine goşulyşmagy başaryň, çeýe boluň. Her bir adamyň aýdan pikiri
gymmatlydyr, pikirleriň ýekesine-de kembaha garamaň. Pikir alyşmaga goşulýan her bir
adam özüniň diňlenýändigini duýsun.
џ
Pikir alyşmanyň barşynda orta atylan käbir teklipleri özbaşdak hem ýerine ýetirip
boljakdygyna söhbetdeşleriňiziň ünsüni çekiň (meselem, hemme adamlara hormatsylag bilen garamak häsiýeti biziň keşbimizi bezeýär), beýleki teklipler bolsa agzybirlikli
hereketleri talap edýär (meselem, maýyplygy bolan çaganyň mekdebe gatnamagy üçin
rugsat hatyny almak maksady bilen ýörite iş toparyna ýüz tutmak).
џ
Özüňize pikirdeş we özüňiz bilen deň işleşjek adamlary gözläň.
џ
Amala aşyrjak işleriňiziň anyk meýinalamasyny düzüň. Gazanmak isleýän
netijeleriňiz we maksatlaryňyz aýdyň bolsun.
џ
Etjek her bir işiňizi, onuň netijesinde nämäni özgerdip boljakdygyny anyk-aýdyň
belläň. Birden kyn işlere ýapyşmaň. Maksadyňyza tarap kem-kemden ýöräp, her günde,
goý kiçijik hem bolsa, üstünlik gazanmagy başaryň. Şonda beýlekiler hem siziň yzyňyza
höwes bilen düşerler.
џ
B.
Aklawçy (wagyzçy/hukuklary goraýjy/magaryfçy) kimdir?
Sapagyň gysga beýany:
Bu sapakda oňa gatnaşyjylar wagyz-nesihat işleriniň esasy kesgitlemesi baradaky
düşünjäni özleşdirerler we aklawça (wagyzça/hukuklary goraýja/magaryfça) mahsus
bolan esasy häsiýetleri kesgitlärler.
Maksady:
Sapaklar tamamlanýança toparyň agzalary köpçüligiň içinde wagyz-nesihat işlerini
geçirmegiň, şol sanda adam hukuklary, bellenilen asylly maksatlar we olary amala
aşyrmakda saýlanyp alnan hereketler we çäreler dogrusynda adamlary habardar
etmegiň esasy usullaryny özleşdirerler. Aklawçylara mahsus bolan esasy häsiýetlere
seljerme berler we toparyň agzalaryna
aklawçylaryň wagyz-nesihat işlerini
geçirmekdäki ornuny kesgitlemek ýumşy berler.
Dowamlylygy:
1 sagat
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler
77
Işiň barşy:
I TAPGYR: Giriş (15 minut)
Sapaga girişmezden ozal toparyň agzalaryna okuwlaryň bu tapgyrynda wagyz-nesihat
işini guramagyň usulyýetiniň we şol işleriň durmuşymyzy has gözelleşdirmekdäki
ornunyň öwreniljekdigini aýdyň. Wagyz edilmeýän bilimler miwe bermeýär. Jemgyýetde
deňligi berkarar etmek üçin her bir adam öz jogapkärçiligini duýup, bu asylly işe öz
goşandyny goşmalydyr.
Toparyň agzalarynyň öz islegine görä, ozalky geçilen sapaklarda öwrenilen zatlary
ýatlamagy teklip ediň. Okuwçylaryň orta atan tekliplerini geçirjek bolýan sapagyňyzyň iş
meýilnamasyny işläp düzmekde peýdalanyň.
II TAPGYR: Umumy toparda pikir alyşmak (30 minut)
Mekdep tagtasynyň ýa-da kagyzyň ýüzünde wagyz-nesihat işiniň kesgitlemesini belläp
alyň we ony sesli okaň.
Durmuşda has oňyn, ýaşaýşyň gözelleşmegine gönükdirilen özgertmeleri teklip etmek,
öňe sürmek, olaryň many-mazmunyny düşündirmek çärelerine wagyz-nesihat diýilýär.
Adaty, bu iş köpçülik ýa-da tutuş bir gurama tarapyndan amala aşyrylýar; olar bellenilen
asylly maksatlara ýetmekde netijeli tagallalary birleşdirýärler.
Topara Birleşen Milletler Guramasynyň jahanyň köpsanly döwletleri we abraýly
guramalary bilen asylly tagallalaryny birleşdirip, Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary
baradaky Konwensiýany işläp taýýarlandygyny habar beriň. Sapaga gatnaşyjylardan bu
ugurda bellenilen umumy maksatlar dogrusynda öz pikirini aýtmagy soraň. Berlen
jogaplary tagtanyň ýa-da kagyzyň ýüzünde belläp alyň.
Umumy maksatlar: dünýäniň adalatly bolmagyny gazanmak, synasynda dürli kemçilikler
bolan adamlaryň beýlekiler bilen deň derejede esasy adam hukuklaryny we
azatlyklaryny doly berjaý edip bilmegini üpjün etmeklik; şol hukuklary we azatlyklary
wagyz etmekde we berjaý edilmegini gazanmakda ygtybarly binýat bolup çykyş edýän
netijeli hukuk ulgamyny işläp taýýarlamak.
Sapaga gatnaşyjylara her bir adamyň öz-özüni, maşgalasyny, dost-ýarlaryny, jemagat
toparyny goramakda öz ornunyň, öz mümkinçilikleriniň bardygyny düşündiriň. Wagyznesihat işlerini her bir adam öz ornunda we köpçülige goşulyşmak bilen amala aşyryp
biler; bu işe beýlekiler bilen deň derejede maýyplygy bolan adamlar hem öz goşandyny
goşup bilerler. “Aklawçy” adamlar ilki bilen özleri öz hukuklaryny bilmelidir, öz ukypbaşarnygyna dürs baha bermelidir we öňde goýan maksadyna çäksiz ygrarly bolup, şol
maksatlaryň ugrunda dogumly hereket etmäge taýýar bolmalydyr.
Çeşmesi: “Adam hukuklary. HAWA!: Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny wagyz
etmek we bu ugurda hereket etmek” , Adam hukuklary boýunça Gorlar merkezi, 2007; bu
barada has giňişleýin www.humanrightsyes.org saýtynda maglumat alyp bilersiňiz.
Toparyň agzalaryna özlerinde bar bolan wagyzçylyk başarnyklary barada pikir öwürmegi
teklip ediň; olardan özleri bilen deň durup, öz hukuklarynyň doly berjaý edilmegini,
durmuşymyzyň her bir adama abadançylykly bolmagy ugrunda oňyn netijeleri
gazanmagy başaran adamlar barada gürrüň bermegi soraň.
78
Tagtanyň ýa-da kagyzyň ýüzünde “aklawçy” diýen sözi ýazyň we onuň daşyny tegeläp
alyň.
Topara şu aşakdaky sowallary beriň we aýdylan jogaplary tagtanyň ýa-da kagyzyň
ýüzüne belläp alyň:
џ
Aklawçy (wagyzçy) haýsy işleri bitirýär?
џ
Aklawça (wagyzça) haýsy häsiýetler mahsus bolmalydyr?
џ
Aklawçy ( wagyzçy) bolmak üçin adama näme zerurdyr?
Mysallar:Aklawçylar (wagyzçylar/hukuklary goraýjylar/magaryfçylar):
џ
Maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň üstünden gülmeýär, olaryň
degnasyna degmeýär
џ
Ejize ganym bolnan, bir adamyň beýlekini ezýän ýerinde öz-özünem,
beýlekilerem mäkäm goraýar
џ
Hemişe adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär
џ
Bu ugurda dogumly hereket edýär
џ
Hukuklaryň berjaý edilmegini ündeýän işjeň toparlary düzýär
џ
Her bir adamy üns berip diňleýär
џ
Dürli adamlar bilen dostlaşýar
Beýlekileri sylaýar
adamlary kemsidenok
adam hukuklaryny goraýar
Dürli adamlar bilen
dostlaşýar
özgertmeleriň
anyk hereketleri bilen
meýilnamasyny
düzýär
aklawçy
beýlekiler bilen
işleşýär
aklawçy
beýlekileriň pikirini
diňleýär
III TAPGYR:Borçlar (15minut)
Sapaga gatnaşyjylardan tagtanyň ýüzünde
“ Men aklawçydyryn, çünki özüm _________________________________”
diýip ýazmagy we bu ýazgyny sesli okamagy haýyş ediň.
Berlen jogaplaryň hemmesini bir netijä getirmek bilen, tutuş toparyň oňat wagyzçylar
bolup durýandygyna özüňiziň guwanýandygyňyzy aýdyň. Adamlar agzybir bolanda,
sogaply işlerde birleşenlerinde we ýürekde ýagşy niýeti baglanlarynda, dünýäni
hemmeler,şol sanda maýyplygy bolan adamlar üçin hem has gözel edip bolýandyr.
Indiki sapakda bu ugurda anyk hereket etmegiň usullarynyň öwreniljekdigi aýdyň.
79
Sapakda aýratyn nygtalmaly ýerler:
Her bir adam durmuşda aklawçy/wagyzçy bolup biler
Geçirilýän wagyz işler durmuşymyzy has gözel we abadan etmäge çagyrmalydyr
we anyk netije bermelidir
Adam ýeke özi hem wagyzçy/aklawçy bolmak bilen, gündeki durmuşyň has
abadan bolmagyny gazanyp biler, toparda işläp hem has netijeli wagyz-nesihat çärelerini
gurap biler.
Dünýäni has adalatly görmek isleseň, ýagşylygy hem adamkärçiligi wagyz
etmäge goşulyş!
Wagyz işlerinde özüňize pikirdeş adamlar biler tagallalaryňyzy birleşdiriň
Ç.Işleriň anyk meýilnamasyny gurmak
Sapagyň gysga beýany:
Okuw sapaklarynyň bu bölüminde toparyň agzalary wagyz işleriniň geçirilmeginiň
zerur bolan hem guralan ýagdaýynda, oňat netije berjek ýerlerini ýüze çykarmagy
öwrenerler. Mundan başga-da, olar durmuşyň has abadan bolmagyny gazanmak
ugrunda durmuşa geçiriljek çäreleriň usullaryny özleşdirerler.
Maksady:
Sapaklaryň ahyryna çenli topardaky okuwçylar maksada laýyk hereket etmegiň tertibini
ädimme-adim, tapgyrlaýyn meýilnamalaşdyrmagy öwrenerler. Zerur bolan
maglumatlary toplamak, işjeň hereketleriň we derwaýys çäreleriň düzgünnamasyny
taýýarlamak we amala aşyrmak ýaly iş tapgyrlaryny tertipleşdirerler. Toparyň agzalaryna
durmuşyň has abadan bolmagyny gazanmakda etjek hereketlerini keşbe girip
sahnalaşdyrmak arkaly görkezmegi teklip ediň.
Dowamlylygy:
2 sagat 30 minut
Sapagy geçirmegiň usulyýeti:
Umumy toparda pikir alyşmak, kiçi toparda işlemek we işiň netijeleri bilen tanyşdyrmak
Peýdalanylýan esbaplar:
Mekdep tagtasy we hek ýa-da flipçartlar we flomasterler.
Işiň barşy
I TAPGYR: Giriş (15 minut)
Öň ýanyndaky geçilen sapagyň I TAPGYRYNDA işlenip düzülen sanawa ýüzleniň-de,
okuwçylaryň şu gollanmany okan döwründe öwrenen zatlary dogrusynda aýdanlaryna
umumy syn beriň we teswirläň. Okuwçylara häzirki sapakda anyk hereket etmegiň ýolugurlarynyň öwreniljekdigini habar beriň. Toparyň her bir agzasynyň eýýäm häzir şu
sapaga gatnaşmagy öz-özüniň we beýlekileriň ukyp-başarnygyna baha bermäge
synanyşmagy bilen eýýäm bu asylly işlere goşulyşandygyna, olara saldamly goşant
goşandygyna öz guwanjyňyzy beýan ediň. Indi öwrenilen zatlary, özleşdirilen endilkeri
durmuşda amal etmegiň wagty gelip ýetendir.
80
Syn we teswir tamamlanandan soň, toparyň agzalaryndan durmuşyň haýsy ugurlaryny
has abadanlaşdyrmagy, özgertmegi zerur hasaplaýandyklaryny sorap görüň. Sowallary
anyk goýuň, meselem, maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň bilim almaga,
saglygyny bejertmäge, sport bilen meşgullanmaga ýa-da boş wagtyny peýdaly hem
gyzykly guramaga bolan hukuklarynyň has doly berjaý edilmegine ýardam berjek
özgertmelere garap bolar. Toparyň agzalary bu ugurda bar bolan dürli kynçylyklary,
mysal üçin, dükanlaryň ýa-da mekdepleriň girelgeleriniň öňünde maýyplyk
arabajyklarynya niýetlenen panduslaryň bolmazlygy ýa-da synasy şikesli çagalara
mekdebe gatnamagyň gadagan edilmegi ýaly ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak
barada pikir alşyp bilerler.
Çagalaryň beren jogaplaryny tagtanyň ýa-da kagyzyň ýüzünde belläp alyň.
II TAPGYR: Anyk hereketlere girişmeklik (30 minut)
Topara il bähbiltli wagyz-nesihat işleriniň hemme adamlaryň deň hukuklara eýedigine
göz ýetirmekden, öz ukyp-başarnygyňa ynanmakdan başlanýandygyny ýatladyň.
Wagyz-nesihat işleri dürli ugurlarda we derejelerde (öýde, mekdepde, dürli
bilreşmelerde, hökümet/döwlet derejesinde) guralyp bilner.
Toparyň agzalaryna Konwensiýa bilen ylalaşyp, oňa gol çeken hökümetleriň
(döwletleriň) şu Konwensiýa bilen baglylykda öz üstüne alan borçnamalaryny berjaý
etmekde gazanan öňegidişliklerine syn berip, bu ugurda degerli hasabaty ýola
goýmalydyr. Hasabaty taýýarlamak işine maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlar, şol
sanda çagalar gatnaşmaga haklydyr, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli Komiteti
bolsa, bu hasabatlara garap geçer. Bu Komitet maýyplygyň dürli görnüşleri bolan
adamlaryň hukuklaryny goramakda siziň döwletiňiziň işini ugrukdyrmaga ýardam berer.
Toparyň agzalaryna häzirki sapakda anyk hereket etmegiň meýilnamasyny düzmegiň
öwreniljekdigini aýdyň, soňra bolsa olara kiçi toparlara bölünip, adam hukuklarynyň
berjaý edilmegini gazanmakda özlerini gyzyklandyrýan ugry saýlap almagy teklip ediň
(şol ugurlaryň sanawyny tagtanyň ýüzünde ýazyň).
Hereket etmegiň meýilnamasy:
I.
Siz haýsy ugry özgertmeli diýip hasap edýärsiňiz?
a.
Özüňiziň ýa-da tutuş toparyňyzyň üýtgetmek isleýän ugruňyzda bar bolan
kynçylygy (böwedi) dürs belläň we kesgitläň.
b.
Özgerdilmeli diýip hasap edýän ugruňyzy has aýdyňlaşdyryň. Siz nämäni
özgertmek isleýärsiňiz:
i.
Gatnaşyklarymy?
ii.
Maddy böwetlerimi ?
iii.
Maglumat böwetlerinimi?
Özgertmeler nirede, haýsy derejede bolup geçmeli?
Hökümet/döwlet derejesinde (kanunlary özgertmek)
Jemgyýet möçberinde
Saglygy goraýyş ulgamynda
Bilim pudagynda
Aýratyn alnan adamda ýa-da maşgalada
81
2. Göwnüňizdäkini aýdyň!
a. Kynçylygyň ýa-da päsgelçiligiň aýdyň kesgitlemesini beriň:
Bu kynçylyk özüňizde bar bolan adam hukuklaryny amala aşyrmakda näme
päsgelçilik döredýär?
Şol päsgelçiligiň kime zeleli ýetýär?
Onuň ýüze çykmagynyň düýp sebäbi nämede?
b.
Bu kynçylygyň maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň Konwensiýa bilen
berkidilen hukuklaryna ýetirýän täsirini, olaryň berjaý edilmeginde döredýän
bökdençliklerini sanap geçiň. Adamyň haýsy hukuklary bozulýar?
ç.
Bu kynçylygyň maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň durmuşynda ýüze
çykarýan agyr ýagdaýlary barada gürrüň beriň.
d.
Şu meseläniň çözülmegi maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlaryň durmuşyna
näme oňaýlyklary getirip biler?
e.
Meseläni çözmek üçin näme etmeli?
f.
Bu işe kim goşulyşmaly?
Alyp baryjy üçin bellik: Kiçi toparlar öz pikirini beýan etmekde keşbe girip, gysgajyk
sahnalary görkezseler, has tasirli bolar . Şol toparlaryň her birisinde bir ýa-da iki adam
görkezilen kynçylygy ýeňip geçmekde jogapkärli adamyň (meselem, mekdep
mugallymynyň, topar ýolbaşçysynyň , ýerli häkimiýet edarasynyň wekiliniň) keşbine
girse, beýlekiler bolsa ýokarda berlen sowallara gutarnykly jogabyny berip, ony
“jogapkär adamlara” düşündirmäge synanyşsa, sapak has täsirli geçer.
3. Zerur bolan maglumatlary toplamak
a. Berjaý edilmekden boýun towlanan hukugyňyzy haýsy kanunlar goraýar we goldaýar?
b. Şu hukugy berjaý etmekde boýun towlanan beýleki ýagdaýlar hem orun alypdyrmy?
Siz bu barada näme bilýärsiňiz?
ç. Özüňizi goldajak ( şu kynçylygy ýeňip geçmäge özüňize ýardam berjek) adamlary
öňünden belläp goýuň. Bellenilen maksatlara ýetmek üçin olar bilen nädip bile işleşip
bolar?
d. Munuň üçin haýsy çäreleriň başyny tutmak zerurdyr?
e. Şol çäreleri kim guramaly?
f. Bu çäreleri haçan amala aşyryp bolar?
4. Hereket etmegiň meýilnamasy
a. Hereket etmegiň meýilnamasyna degişli bolan paýlanyp berilýän maglumat
esbaplaryny ýa-da şu gollanmanyň ahyrynda getirilýän maglumatlardan alnan sowallary
peýdalanyň.
Alyp baryjy üçin bellik: amala aşyryljak hereketleriň meýilnamasyny ýazyp bilýän
okuwçylar ýazmaça bellige alyp (suratda şekillendirip) bilerler. Toparyň galan agzalaryna
bu maglumatlary sesli okap bermelidir.
5. Anyk hereketlere geçmek.
a. Indi bolsa meýilnamalaşdyrylan anyk hereketlere geçmegiň, bu ugurda netijeli
işlemegiň wagty gelip ýetdi. Bellenilen maksatlara tarap okgunly gadam uruň, bu ugurda
dogumly duruň we durmuşyň oňyn tarapa özgermegini gazanyň.
82
6. Hereket etmegiň nobatdaky tapgyry
a. Islendik wagyz-nesihat işi belli bir maksada gönükdirilmelidir we anyk netije
bermelidir. Şol netijeler hasaba alynmasa, amala aşyrylan işleriň, ýetilen maksatlaryň
hümmeti belli bolmaz. Gazanylan sepgitlere anyk göz ýetirmek üçin şu aşakdaky
sowallara jogap beriň:
i. Durmuşa geçirmegi maksat edinen çäreleriň ählisini amala aşyryp bildiňizmi? Olaryň
haýsysy size başartdy? Nämede kynçylyk çekdiňiz?
ii. Maksadyňyza ýeten bolsaňyz:
1.
Üstünlige ýetmekde näme ýardam boldy?
2.
Beýleki asylly maksatlara ýetmekde-de peýdalanylan şu ýörelgeler oňyn netije
berermi?
iii. Eger-de maksatlar size boýun bolmadyk bolsa:
1.
Anyk netijeleri gazanmak üçin iş meýilnamaňyza üýtgetmeleri girizmegi zerur
hasaplaýarsyňyzmy? Siziň pikiriňizçe, şol üýtgetmeler nämeden ybarat bolmaly?
2.
Bellenilen ugurda has oňat netije gazanmak üçin Size näme gerek bolar:
goşmaça gorlarmy? Has uly toparmy? Pikirdeş adamlarmy? Has anyk maglumatlarmy?
3.
Indiki etsem-goýsamyňyz näme? Ýene-de edilmelisi zerur diýip hasaplaýan işler
barmy? Gazanylan ýeňişleri berkitmek üçin näme etmeli bolar?
Çeşmesi: “Adam hukuklary. HAWA!:Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny wagyz
etmek we bu ugurda hereket etmek” , Adam hukuklary boýunça Gorlar merkezi, 2007;
bu barada has giňişleýin www.humanrightsyes.org saýtynda maglumat alyp bilersiňiz.
III TAPGYR: kiçi toparlarda işlemek (45 minut)
Sapaga gatnaşyjylardan 4-5 adamdan ybarat bolan toparlara bölünmegi we ýokarda
beýan edilen iş meýilnamasyny düzmegiň 1-4-nji ädimlerini tapgyrma-tapgyr berjaý
etmegi haýyş ediň.
Şu ýerde topara işi ilkinji ädimden başlap has kyn, has çylşyrymly meselelere geçmegiň
maksada laýyk bolýandygyny, bu çäreleriň biri beýlekisinden gelip çykýandygyny
düşündiriň.
Işläp oturan çagalaryň arasyna aýlanyp, olara degerli maslahatlary beriň we
hereketleriň meýilnamasyny düzmekde yzygiderliligi saklamaga kömek ediň.
IV TAPGYR: kiçi toparlaryň işi bilen tanyşmak (1 sagat)
Hemmelere umumy topara dolanyp barmagy we ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdyrmagy
teklip ediň. Toparlaryň her birisine özüniň işläp düzen iş meýilnamasyny ara alyp
maslahatlaşmagy tabşyryň.
џ
Düzülen iş meýilnamasyny amala aşyryp boljakmy? Bu meýilnamany ýeterlik
derejede parasatly hasaplaýarsyňyzmy?
Düzen iş meýilnamaňyz durmuş hakykatyna golaýmy? Ony berjaý etmek üçin
mümkinçilikler (wagt, pul, pikirdeş adamlar, maglumatlar) ýeterlikmi?
Sapakda aýratyn nygtalmaly ýerler:
Berjaý edilmeli hereketleriň yzygiderliligi saklanylmalydyr
Agzybirlikli hereket edilende has oňyn özgertmeleri gazanyp bolýar
Asylly işlerde her bir adamyň orny bardyr; goşandyň ulusy-kiçisi ýokdur, her bir işiň
öz bähbidi bardyr
џ
Siziň şahsy goşandyňyzyň umumy ýeňişlerdäki ornunyň uludygyna ynanmagyňyz
zerurdyr.
џ
џ
џ
83
Wagyz-nesihat çäreleriniň meýilnamasy
Biz aýratyn alnan toparlaryň birisinde täsirli wagyz duşuşygyny geçirmegiň
meýilnamasyny işläp taýýarlamagy hödürleýäris.
Hereket edýän topar:______________________________
Duşuşygyň geçirilýän senesi:_______________________
84
Gazanylmaly Bellenilen
özgertmeler hereketler
Ýerine
ýetirijiler
Möhletler
Hemmeleriň
deňligini
üpjün etmek
üçin haýsy
özgertmeleri
geçirmeli?
Bu çäreleri
kim berjaý
eder?
Bellenilen işler Munuň üçin
haçana çenli
näme gerek
tamamlanmaly? bolar? (pul,
adam,
enjamlar)
Şol
özgertmeler
orun alar
ýaly name
edip bolar?
Zerur bolan
gorlar
Işleriň
berjaý
edilen
senesi
Bellenilen
işler haçan
amala
aşyryldy?
Işiň beren
netijelerini
bellige
almak
Geçirilen
işler näme
netije berdi?
V BAP
85
Siziň pikiriňiz gymmatlydyr!
Ine, siz bu okuw gollanmasyndan her bir adamda bar bolan hukuklar we ukypbaşarnyklar dogrusynda köp zatlary bildiňiz. Indi siz hem dünýäniň her bir adam üçin
amatly hem abadan bolmagyna, durmuşda her bir adamyň öz asyl durkunda orun
almagyna özüňiziň saldamly goşandyňyzy goşup bilýärsiňiz. Şuny ýatda saklaň: hemme
adamlar, şol sanda maýyplygyň dürli görnüşi bolan adamlar deň hukuklara eýedirler!
Şu gollanmadan öwrenilen maglumatlaryň esasy bäş ugruny agzap geçiň:
1)
______________________________________________________
2)
______________________________________________________
3)
______________________________________________________
4)
______________________________________________________
5)
______________________________________________________
Şu gollanmada haýsy zat göwnüňize has ýarady?
________________________________________________________
________________________________________________________
________________________________________________________
Haýsy zat göwnüňize ýaramady?
___________________________________________________________
___________________________________________________________
___________________________________________________________
Şu gollanmanyň hilini gowulandyrmak üçin näme edip bolar?
___________________________________________________________
___________________________________________________________
Şu gollanma barada öz pikiriňizi aç-açan aýdyň!
86
Öz jogaplaryňyzy şu salgy boýunça ýollap bilersiňiz:
UNICEF, Jynslaryň deňhukuklylygy baradaky meseleler we hukuklar baradaky bölümi,
3 BMG Plaza, H7A
New York, NY 10017, ABŞ
UNICEF,
Genders and Rights Unit
3 UN Plaza, H7A
New York, NY 10017, USA
Gollanmada peýdalanylan esasy adalgalar
Elýeterlilik adamda maýyplygyň barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, oňa ulag
hyzmatlarynyň, maglumatlaryň elýeter edilmegini, onuň köpçülik ýerine arkaýyn we
özbaşdak baryp bilmegine şertleriň döredilmegini aňladýar.
Wagyz-nesihat işleri diýip durmuşda oňyn özgertmeleri gazanmaga gönükdirilen
çärelere diýilýär. Wagyz işlerine adam ýeke özi, bir asylly maksatda jem bolan tutuş
topar bolup ýa-da guramanyň agzasy hökmünde gatnaşyp bilýändir.
Kömekçi tilsimatlar adama goşmaça mümkinçilikleri, oňyn amatlyklary bagyş edýär.
Meselem, synasynda şikes bolan adamlaryň käbirisi maýyplyk arabajygynda gezmeli
bolýar, görüşi pes adamlar bolsa, kompýuteriň displeýinde diňe iri ýazylan harplary okap
bilýärler.
Adamyň degnasyna degmek/gorkuzyp howuny basmak ejize ganym bolnanda,
ygtyýarlygy ýokary bolan adamyň özünden gowşaga bilkastlaýyn zyýan ýetirende orun
alýar. Zalymlyk bilen adamyň degnasyna degmek hem zorlugyň bir görnüşidir. Ol tene
(itmek, silterlemek, urmak) we aňa (adamyň howuny basmak, üstünden gülmek, paýyş
sögmek) agram salýan täsirde bolup bilýär. Kada bozulmanyň bu görnüşi mekdeplerde
has köp orun alýar. Maýyplygyň dürli görnüşi bolan çagalar şeýle kemsidilmeleriň
öňünde has ejiz bolýar.
Çaga ýowuz daramak/onuň mertebesini peseltmek diýip çaganyň garamatyny
çekýän, oňa jogap berýän ýa-da oňa gepi-sözi ýöreýän adam tarapyndan çaga ýetirilen
islendik görnüşdäki zelele aýdylýar. Bu zyýan çaganyň tenine şikes ýetirmek, ony zorluk
bilen jyns gatnaşygyna çekmek, aňyna agram salmak görnüşlerinde bolup bilýär. Bu
ýaramaz hereketlere çaganyň ynam edýän adamlary tarapyndan ýol berilmegi ýagdaýy
has hem agyrlaşdyrýar.
Komitet – bilelikde işlemek üçin saýlanan adamlaryň topary ýa-da kabul edilen
Konwensiýanyň oňa goşulyşan ähli döwletler (hökümetler) tarapyndan berjaý
edilmegine ýardam bermek üçin döredilen edara görnüşinde bolup bilýär.
Jemagat diýip belli bir ýerde ýaşaýan adamlaryň toparyna aýdylýar. Umumy
gyzyklanmalar ýa-da aladalar bilen birleşen adamlara-da jemagat topary diýip bolar.
Konwensiýa - döwletleriň birnäçesiniň şol bir kanunlary işläp taýyarlamak barada
şertleşmesi ýa-da ylalaşmagydyr. Haçan-da döwlet Konwensiýa gol çekip ony
tassyklanda, bu resminama hukuk borçnamasyna öwrülýär we döwletiň hökümetiniň
hereketlerini ugrukdyrmak güýjüne eýe bolýar. Konwensiýa köp halatda döwletleriň öz
kanunyny Konwensiýa bilen berkidilen kadalara laýyklykda özgerdilmegine getirip
bilýär.
87
Hemmelere amatly gurluş düzümi binalar gurlanda, maksatnamalar işlenip
taýýarlanylanda, dürli önümler öndürilende berjaý edilse, bu zatlardan peýdalanýan
adamlara, olarda maýyplygyň barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, mümkin
boldugyça giň şertleri döredýär.
Mertebe - her bir adamda şahsyýeti görmek we ony sylamakdyr. Her bir adam hormata
mynasypdyr. Özüni sylan adam beýlekilere-de hormat goýar.
Kemsitmeklik – teniniň reňkini, dinini, jynsyny ýa-da üýtgeşik ukyp-başarnygyny
bahanalap, haýsydyr bir adama ýa-da adamlaryň tutuş bir toparyna kembaha
garamakdyr.
Maýyplygy bahana edinip kemsitmeklik – adamyň synasynda haýsydyr bir şikesiň
barlygyny sebäp tutunyp, oňa kembaha garamagy, ol babatynda adalatsyzlyga ýol
bermegi, ony sana salmazlygy aňladýandyr.
Adam hukuklary – dünýäde her bir adam onuň hukuklaryny we dogabitdi mertebesini
(ähli adamlarda doglandan beýläk bar bolan mertebesini) gorap saklaýan kanunlaryň
saýasynda ýaşaýar. Hiç bir adam jemgyýetden çetleşdirilip bilinmez. Meselem, her bir
adam erkin ýaşamaga we gulçulykdan azat bolmaga hukuklydyr. Her bir adamyň ömri we
mertebesi kanunlar bilen goralýandyr. Çagalaryň ählisi sagdyn iýip-içmek, zerur bolan
lukmançylyk kömegini almak, mekdepde okamak, zorluk-sütemden pugta goralmak
hukugyna eýedir. Her bir çaga özüne degişli haýsydyr bir mesele çözülende, öz pikirini
aç-açan aýtmaga hukuklydyr.
Goşulyşmak (inklýuziwlik) – bu maýyplygy bolan adamlaryň hereket edýän dürli
gurluşlara goşulyşmagyň ugruny gözlemegini däl-de, şol gurluşlaryň maýyplary köpçülik
işine çekmek ugrunda kämilleşdirilmegini aňladýar. Inklýuziw jemgyýetde çagalaryň
ählisini öýde, mekdepde , orta hünärment okuwynda, sport we medeni çärelerinde,
köpçüligiň içinde hemmetaraplaýyn goramak üçin şertler döredilendir. Şunda kynçylyk
ýüze çyksa, inklýuziw jemgyýet öz gurluşyny täze talaplara kybap kämilleşdirmegiň
ýollaryny agtarýar.
Inklýuziw okuw binalary öz içine islendik ukyp-başarnygy bolan adamlaryň gyradeň
mähirli garşy alynýan mekdep jaýlaryny, synp otaglaryny alýar. Olarda synasynda
islendik şikesler bolan we doly sagdyn çagalar hiç-hili parhlandyrmany duýman
ýygnanyşýarlar, pikir alyşýarlar, bilimleri özleşdirýärler.
Deňsizlik – adam hukuklaryna düýpli parhyň goýulýan ýagdaýydyr. Bu ýagdaýda aýryaýry adamlaryň hukuklary we mertebesi beýlekilere garanyňda has belent ýa-da tersine,
kembaha tutulýandyr. Häkimiýet deňsizligi bir adamyň beýlekiniň ömrüni we ykbalyny
çözmek ygtyýaryna eýedigini aňladyp bilýär.
Ýörite edaralar – çagalaryň (ulularyň ) ýa-da olaryň toparlarynyň özüne ýakyn garyndaş
bolmadyk adamlaryň howandarlygynda bilelikde ýaşaýan ýeridir. Çagalar öýi şeýle
edaralaryň bir görnüşidir. Ýörite edara – aňrujy çykalgasy bolman, çaganyň ýa ulynyň
ýerleşdirilýän ýeridir.
Dil – adamlaryň aýratynlykda alnan bir toparynyň özara habarlaşmagynyň esasy
serişdesidir. Dil gürleşmek üçin peýdalanylýar we sözler, hereketler/ümlemeler we
beýleki usullar arkaly beýan edilip bilner.
88
Preambula/giriş – Konwensiýanyň ilkinji baplaryny we bölümlerini
aňladýar.
Resminamanyň bu bölüminde Konwensiýanyň kabul edilmeginiň zerurlygy
esaslandyrylýar.
Tassyknama (tassyklamak): her bir döwletiň gol çekilen Konwensiýany ýa-da
ylalaşygy resmi taýdan makullamagy. Şundan soň makullanan resminama şol döwletde
kanuna öwrülýär.
Oýlanşykly kybaplaşdyrmak – daşky gurşawy adamlara amatly bolar ýaly derejede
özgertmegi aňladýar. Meselem, binalaryň we jaýlaryň girelgesinde panduslar gurulsa,
olarda liftler gurnalsa, synasy şikesli adamlaryň şol ýerlere arkaýyn barmagyna şert
döredilýär.
Birek-birege bolan sylag-hormat beýleki adamlary olaryň bolşy ýaly, olaryň
özüňizden tapawutlanýandygyna, başga dine uýýandygyna, beýleki bir ýurtdan
gelendigine garamazdan, açyk göwün bilen kabul etmegi aňladýandyr. Beýleki
adamlaryň özüňize nähili garamagyny isleýän bolsaňyz, siz hem beýlekilere şonuň ýaly
garaň – sylag şoldur.
Maýyplygyň durmuş modeli – maýyplygyň bu modeli adamyň özünde bar bolan
hukuklaryny amal etmekde jemgyýet ýa-da daşky gurşaw tarapyndan döredilen
böwetlikleri ýeňip geçmäge gönükdirilendir. Durmuş modeli öz içine maýyplygy bolan
adamlara mähribanlygy höweslendirmegi, daşky gurşawyň hemmelere deň derejede
elýeterli bolmagy üçin ony kämilleşdirmegi, aýdylýan maglumatlaryň hemmelere
düşnükli hem golaý bolmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri alyp biler.
ÝUNISEF. BMG-niň Çagalar gaznasynyň gysgaça ýazylyşy. Ol BMG-niň umumy
ulgamynyň esasy düzüm birlikleriniň biri bolmak bilen, çagalaryň hukuklarynyň
goralmagynyň; çagalaryň bagtly ýaşamagynyň, sagdyn ösmeginiň, hemmetaraplaýyn
üns-alada bilen gurşalmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär we öz işiniň baş
maksadyny ýaşaýan dünýämizi has gözel, howpsuz we abadan etmekde görýär.
BMG: jahanyň iň abraýly halkara guramasydyr. Oňa dünýäniň hemme ýurtlary girýärler.
BMG-niň düzümine girýän Hökümetler Birleşen Milletler Guramasynda duşuşýarlar we
dünýäde parahatçylygy hem abadançylygy berkarar etmekde öz tagallalaryny
birleşdirýärler.
Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy: 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda
Birleşen Milletler Guramasyna agza-döwletleriň ählisiniň gol çekmegi bilen kabul edildi.
Onda hemme adamlaryň hukuklary doly beýan edilendir.
Zorluk-sütem – haçanda bir adam bilmezlikden däl-de, bilkastlaýyn beýleki adama
zyýan ýetirmek üçin özünde bar bolan güýji ýa-da ygtyýarlyklaryny peýdalanan
ýagdaýynda orun alýar. Zelel ýetirýän we ýetirip biljek hereketleriň ediljekdiginiň
ýaňzydylmagy-da, şeýle hereketleriň hakykat ýüzünde edilmegi-de zorluga deň
derejede degişli bolýandyr. Düýpli zelel adamyň diňe bir saglygyna ýa-da durmuş
abadançylygyna däl-de, eýsem onuň tutuş synalaryna hem aňyna ýetirilip bilinýändir.
89
Paýlanylyp berilýän maglumatlar. 1-nji bölüm:
BMG-niň Maýyplaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň çagalar üçin sada we
düşnükli dilde ýörite taýýarlanan neşiri.
Çeşmesi: “Bularyň barysy ukyp-başarnyk barada”, UNICEF, 2008-nji ýyl, aprel aýy.
Konwensiýa köp zatlary wada berýär. Konwensiýanyň maddalarynyň 50-sinde şol
wadalaryň manysy we mazmuny düşündirilýär. Kitabyň indiki sahypalarynda biz
“hökümet” sözüni ulananymyzda, şu Konwensiýa gol çeken döwletleriň Hökümetlerini
(“şeýle hem oňa gatnaşyjy ýurtlary”) göz öňüne tutýarys.
1-nji madda: Maksady
Bu maddada Konwensiýanyň maýyplygy bolan ähli adamlaryň, şol sanda çagalaryň deň
hukuklaryny we azatlyklaryny doly suratda
goramaga, höweslendirmäge we
kepillendirmäge gönükdirilen maksatlary gysgaça beýan edilýär.
2-nji madda: Kesgitlemeler
Bu maddada şu Konwensiýada takyk kesgitlemä eýe bolan sözler sanalyp geçilýär.
Meselem: “dil” adalgasy dilden aýdylýan sözleri, şeýle hem yşaratlary ýa-da gepleşik däl
dilleriň beýleki görnüşlerini aňladýandyr. “Gatnaşyk” adalgasy öz içine dürli dilleri,
ýazgyly displeýleri, Braýlyň harplygyny (harplary we sanlary aňlatmak üçin güberçekli
nokatlary ulanýan harplyk), eliňi degirmek arkaly habarlaşmagy, iri şrift we elýeter
multimediýa serişdelerini (meselem: web-saýtlary ýa-da audio-enjamlary) ýaly
serişdeleri alýar.
3-nji madda: Umumy ýörelgeler
Şu Konwensiýanyň ýörelgeleri (binýatlaýyn düzgünleri) aşakdakylardyr:
(a)
Her bir adamyň dogabitdi mertebesine, onuň şahsy pikir azatlygyna we erkinligine
hormat goýmaklyk.
(b)
Kemsidilmä ýol bermezlik (her bir adama adalatly garamaklyk).
(ç)
Her bir adamyň jemgyýete (öz jemagatyna) doly suratda goşulmagyny
gazanmaklyk.
(d)
Her bir adamy bolşy ýaly kabul etmek we maýyplygy bolan adamlary köpdürli
durmuşyň bir parçasy hökmünde adamkärçilikli kabul etmeklik.
(e)
Hemmelere deň mümkinçilikleri döretmeklik.
(f)
Elýeterliligiň erkinligi (maýyplyga salgylanyp, adamlaryň ulaga, jemagat we
maglumat hyzmatlaryna bolan hajatlaryny kanagatlandyrmakdan ýüz döndermezlik).
(g)
Erkekleriň we aýallaryň deň hukuklaryny berjaý etmeklik (siziň oglan ýa
gyzdygyňyza garamazdan, her biriňize deň mümkinçilikler berilmelidir).
(h)
Maýyplygy bolan çagalaryň ösüp barýan ukuplaryna hormat goýmak we olaryň
şahsy özboluşlylygyny saklamaga bolan hukugyny sylamaklyk ( her bir adam öz
başarnygyna hem zehinine buýsanmaga haklydyr).
90
4-nji madda: Umumy borçlar
Maýyplygy bolan adamlaryň sähelçe kemsidilmegine ýol berýän kanunlar bolmaly däldir.
Gerek bolsa, hökümetler maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny goramak üçin täze
kanunlary kabul etmelidirler we olary herekete girizmelidirler. Eger maýyplygy bolan
adamlar babatda kemsidilmäni göz öňüne tutýan köne kanunlar ýa-da adatlar saklanyp
galan bolsa, olary üýtgetmegiň ýoluny tapmak zerurdyr. Eger maýyplygy bolan çagalara
beýlekiler bilen deň derejede göwni küýseýän zatlary bilen meşgullanmaga päsgelçilik
berýän kanunlar ýa-da adatlar bar bolsa, olar hökmany suratda üýtgedilmelidir. Şeýle
kanunlary we syýasaty özgertmek barada karar çykarmazdan ozal, siziň hökümetiňiz
maýyplygy bolan çagalaryň guramalary bilen maslahatlaşmalydyr.
5-nji madda: Deňhukuklylyk we kemsitmezlik
Hökümetler öz ýurdunda ýaşaýan ähli adamlaryň kanun tarapyndan goralmalydygyny
we ýurduň kanunlarynyň hemmeler üçin deň derejede peýdalanylýandygyny ykrar
edýärler.
6-njy madda: Maýyplygy bolan zenanlar
Hökümetler maýyplygy bolan zenanlaryň we gyz çagalaryň dürli kemsidilmelere has
köp sezewar edilýändigini boýun alýarlar. Hökümetler olar babatynda adam
hukuklaryny we azatlyklaryny goramagy ylalaşýarlar.
7-nji madda: Maýyplygy bolan çagalar
Hökümetler maýyplygy bolan çagalar babatynda beýlekiler bilen deň derejede adam
hukuklarynyň ählisiniň we esasy azatlyklarynyň doly berjaý edilmegini üpjün edýän
çäreleriň hemmesini görmek barada ylalaşýarlar. Olar şeýle hem maýyplygy bolan
çagalaryň özlerine degişli ähli meselelerde şahsy pikirini erkin beýan etmek hukugyny
üpjün etmäge borçlanýarlar. Her bir meselede çaganyň bähbitlerinden ugur
alynmalydyr.
8-nji madda: Okuw-terbiýeçilik işi
Hökümetler maýyplygy bolan adamlaryň hukuklaryny we mertebesini goramak, olaryň
başarnygyny we oňat endiklerini ýaýmak boýunça jemgyýeti giňden habardar etmelidir.
Olar maýyplygy bolan adamlara zeper ýetirip biljek köne düşünjelerden, ynançlardan,
hereketlerden, adatlardan saplanmak barada ylalaşýarlar. Meselem, siziň okaýan
mekdebiňizde hemmelerde, hatda iň kiçi ýaşly çagalarda-da maýyplygy bolan adamlara
mähirli we sylaşykly garaýyşlary terbiýelemek işi yzygiderli höweslendirilmelidir.
9-njy madda: Elýeterlilik
Hökümetler maýyplygy bolan adamlaryň erkin ýaşamagy we öz jemagatynyň
durmuşyna arkaýyn garyşyp-gatyşmagy üçin amatly mümkinçilikleri döretmäge
borçlanýarlar. Jemagat üçin elýeter bolan ähli ýerler: jaýlar, binalar, ýollar, mekdepler
we keselhanalar maýyplygy bolan adamlaryň, şol sanda çagalaryň hemmesi üçin deň
derejede elýeterli bolmalydyr. Eger-de siz jemgyýetçilik ýerinde bolan wagtyňyz
kömege mätäçlik çekseňiz, size hut şol ýerde ýolbelet adam, okap bilýän ýa-da tejribeli
surda-terjimeçi kömek bermelidirler.
10-njy madda: Ýaşamaga bolan hukuk
Her bir adam dünýä inenden beýläk ýaşamaga bolan hukuga eýe bolýandyr.
Hökümetler bu hukugyň maýyplygy bolan adamlar we maýyplygy bolmadyk adamlar
üçin deň derejede adalatlydygyna kepil geçýärler.
11-nji madda: Töwekgellik hadysalary we adatdan daşary gumanitar ýagdaýlar
Harby çaknyşyklar ýüze çykanda, adatdan daşary ýagdaýlar peýda bolanda ýa-da
tebigy betbagtçylyklarda, meselem, tupan turanda, maýyplygy bolan adamlar beýlekiler
bilen deň derejede goralmak we howpsuzlygy berjaý edilmek hukugyna eýedirler.
Kanun boýunça hiç bir adam maýyplygyňyzy bahana edinip, sizi gaçybatalga
göýbermän saklamaga ýa-da beýleki adamlar halas edilýänçä sizi bir gyrada goýmaga
haky ýokdur.
12-nji madda: Kanunyň öňündäki deňlik
Maýyplygy bolan adamlar beýlekiler bilen deň derejede “Hukuk ygtyýaryna” eýedirler.
Beýle diýildigi, ýaşyňyzyň bellenen çäge ýetmegi bilen, synalaryňyzda haýsydyr bir
şikesiň bardygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, sizde kanunda görkezilen hukuklaryň,
meselem, okamak üçin bellenilen karzlary almaga ýa-da öz jaýyňyzy kireýine bermek
maksady bilen kärende ylalaşygyna gol çekmäge hukugyňyzyň peýda bolýandygyny
aňladýar. Siz şeýle hem emläge eýe bolup we ony miras alyp bilýärsiňiz.
91
13-nji madda: Adyl kazyýetiň elýeterli edilmegi
Eger-de siz jenaýatdan jebir çeken ýa-da başga adamlaryň jebir çekendigini gören
bolsaňyz, ýa-da sizi bikanun hereketde aýyplaýan bolsalar, onda siz kazyýetde çykyş
edip, bolan wakalary gürrüň bereniňizde, özüňize adalatly garalmagyna hukuklysyňyz.
Siziň kazyýetde öz pikiriňizi aýdyp bilmegiňiz üçin ähli şertler döredilmelidir.
14-nji madda: Erkinlik we şahsy eldegrilmesizlik
Hökümetler beýleki adamlar bilen deň derejede maýyplygy bolan adamlaryň esasy
azatlyklarynyň kanun esasynda goralmagyny üpjün etmelidirler.
15-nji madda: Gynamalardan we rehimsiz, adamkärçiliksiz ýa-da gatnaşyklaryň we
jezalaryň mertebäni peseldiji görnüşlerinden azat bolmak
Hiç bir adam gynamalara, rehimsiz ýa-da adamkärçiliksiz gatnaşyga sezewar edilip
bilinmez. Her bir kişi lukmançylyk ýa-da ylmy synaglaryň geçirilmeginden ýüz
döndermäge haklydyr.
16-njy madda: kimdir biriniň peýdasyna işletmekden, hakyny iýmekden, zorluksütemden we masgaralanmakdan goralmak
Maýyplygy bolan çagalar zorluk-sütemden we masgaralanmakdan mäkäm
goralmalydyr. Olar öz öýlerinde we öýlerinden daşarda ýaramaz gatnaşyga, zorluksüteme sezewar edilmeli däldir. Eger-de siz zorluk-süteme duçar edilseňiz ýa-da
ýaramaz gatnaşygyň pidasy bolan bolsaňyz, onda siz masgaralaýjy hereketleriň bes
edilmegini talap edip we özüňizi bejerdip bilersiňiz.
17-nji madda: Şahsy bitewiligiň goralmagy
Hiç bir adam siziň beden ýa-da ruhy özboluşlylygyňyzy bahanalap, size adamkärçiliksiz
garap bilmez. Siz beýlekileriň özüňizi bolşuňyz ýaly sylamagyna we hormatlamagyna
garaşyp bilersiňiz.
18-nji madda: Hereket etmek erkinligi we raýatlyk degişliligi
Her bir çaga kanun esasynda berkidilen ada eýe bolmaga hukuklydyr; her bir çaga
raýatlyk
almaga, öz ene-atasyny kemsiz tanamaga we olaryň üns-aladasyny
hemmetaraplaýyn duýup ýaşamaga haklydyr. Hiç bir adama onuň maýyplygyny sebäp
tutunyp, ýurduň çägine girmek ýa-da ondan çykmak gadagan edilip bilinmez.
19-njy madda: Özbaşdak ýaşamak we ýerli jemagatyň durmuşyna goşulyşmak
Maýyplygynyň bardygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, her bir adam özüniň ýaşajak
ýerini erkin saýlap alyp bilýändir. Siz hem ulalyp kämillik ýaşyna ýeteniňizden soň, eger
isleseňiz, özbaşdak ýaşap bilersiňiz, şeýle-de öz islegiňize görä ýerli jemagatyň
durmuşyna goşuluşyp bilersiňiz. Eger-de köpçülige garyşyp-gatyşmagyňyz üçin siz
goşmaça ýardama, meselem, öý-içeri ýa-da şahsy bir meselede kömege mätäç
bolsaňyz, size şol hyzmatlar elýeter edilmelidir.
20-nji madda: Özbaşdak hereket etmek ukyby
Maýyplygy bolan çagalar arkaýyn we özbaşdak hereket etmek hukugyna eýedirler.
Ýurduň Hökümeti bolsa olara şu babatda kömek bermelidir.
21-nji madda: Pikiriňi we garaýyşlaryňy erkin beýan etmek we maglumatlaryň elýeter
bolmagy
Her bir adam öz pikirini we garaýşyny erkin beýan edip bilýändir. Mundan başga-da, her
bir adam özüne gerek bolan maglumatlary özüniň düşünip we peýdalanyp bilýän
görnüşinde gözlemäge, tapyp almaga we alyş-çalyş etmäge haklydyr.
22-nji madda: Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi
Maýyplygynyň barlygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, hiç bir adamyň beýleki
adamlaryň şahsy durmuşyna garyşyp-gatyşmaga hukugy ýokdur. Eger-de kimdir biri
beýleki adamyň şahsy durmuşyna, meselem, saglyk ýagdaýyna degişli gizlin syry bilýän
bolsa, şol adam bu syrly maglumatlary gizlin saklamaklyga borçludyr we ony paş etmeli
däldir.
92
23-nji madda: Öý-içerä hormat goýmak we maşgalany sylamak
Her bir adam öz maşgalasynda ýaşamaga haklydyr. Eger-de sizde haýsydyr bir
synaňyzda şikes bar bolsa, ýurduň Hökümeti siziň maşgalaňyzda edilýän harajatlarda,
maglumatlary almakda we hyzmatlardan peýdalanmakda golaýdan ýardam bermelidir.
Hiç bir çaga ýaramazlygy ýa-da maýyplygy zerarly öz ene-atasyndan aýrylanyp
bilinmez! Eger-de sizde ýakyn garyndaşlar bilen ýaşamaga mümkinçiligiňiz ýok bolsa,
ýurduňyzyň Hökümeti siziň bilen uzak garyndaşlygy bolan adamlar ýa-da ýerli jemagat
tarapyndan howandarlyk jogapkärçiligini guramaga kömek bermelidir. Maýyplygy bolan
ýaşlar beýleki ýaş ýigitler we gyzlar bilen deň derejede nesil dowamaty baradaky degişli
maglumatlardan peýdalanmak, şeýle-de beýlekiler bilen deň derejede nika baglaşmak
we maşgala gurmak hukugundan peýdalanýarlar.
24-nji madda: Bilim almak
Her bir çaga mekdepde okamaga haklydyr. Hiç bir kişi maýyplygyňyzy bahanalap, size
mekdepde okamaga päsgelçilik döredip bilmez. Maýyplygym bar diýip, siz hökmany
ýagdaýda ýöriteleşdirilen mekdepde okamaly diýlen düzgün ýokdur. Maýyplgy bolan
çagalar hem edil beýlekiler bilen deň derejede bilim almaga we beýlekileriň okaýan
okuw maksatnamasyna laýyklykda okuw sapaklaryny geçmäge haklydyrlar. Ýurduň
hökümeti size bu ugurda ýakyndan ýardam bermelidir. Meselem, Hökümet sapak
berýän mugallymyň siziň aýtjak bolýan zadyňyza ýa-da özüňize gerek-ýarak zatlara
dürs düşünmegi we netije çykarmagy üçin zerur bolan şertleri we usullary döredip
bermäge borçludyr.
25 we 26-njy maddalar: Sagdynlyk we saglygyňy dikeltmek
Maýyplygy bolan adamlar beýleki adamlara mugt ýa-da o diýen gymmat bolmadyk töleg
bilen berilýän saglyk hyzmatlaryndan deň derejede peýdalanyp bilýändirler. Eger-de
haýsydyr bir maýyplygyňyz bar bolsa, siziň ýöriteleşdirilen lukmançylyk kömegini
almaga we saglygyňyzy dikeltmäge hukugyňyz bardyr.
27-nji madda: Zähmet we iş orny bilen üpjün etmeklik
Maýyplygy bolan adamlar hiç hili kemsidilmezden erkin saýlap alan iş ornunda zähmet
çekmäge beýlekiler bilen deň hukuga eýedirler.
28-nji madda: Ýaşaýşyň mynasyp derejesini üpjün etmek we durmuş taýdan goralmak
Maýyplygy bolan adamlar hiç hili kemsidilmezden sagdyn iýmitlenmäge, arassa
suwdan, geýim-gejimden peýdalanmaga we öý edinmäge haklydyrlar. Ýurduň
Hökümeti üpjünçiligi pes bolan maşgalalarda ýaşaýan maýyplygy bolan çagalara
hemişe ýardam bermelidirler.
29-njy madda: Syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşmak.
Maýyplygy bolan adamlar syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna erkin gatnaşyp bilerler.
Kanunda görkezilen ýaşa ýeteniňizden beýläk, özüňizde maýyplygyň barlygyna ýa-da
ýoklugyna garamazdan, siz özbaşdak topar döredip jemgyýete peýdaly işlere
goşulyşyp, saýlawlarda ses berlişiklere gatnaşyp bilýärsiňiz, islän adamyňyzy saýlamak
we döwlet wezipesine saýlanmak hukugyna eýe bolýarsyňyz.
30-njy madda: Medeni çärelere gatnaşmak, boş wagty we dynç alşy peýdaly guramak
hem-de sport bilen meşgullanmak.
Maýyplygy bolan adamlarda beýlekiler bilen deň derejede öz islegi boýunça medeni
çärelere gatnaşmaga, kino, teatrlara we beýleki medeni ojaklaryna barmaga, sport,
oýunlar, şeýle-de güýmenjeleriň beýleki görnüşleri bilen meşgullanmaga hukugy
bardyr. Şu maksatdan ugur alyp, ýurduň teatrlary, muzeýleri,güýmenje merkezleri we
kitaphanalary ähli adamlar, şol sanda maýyplygy bolan adamlar üçin deň derejede
elýeterli edilmelidir.
93
31-nji madda: Hasabaty ýöretmek we maglumatlary ýygnamak.
Maýyplygy bolan adamlara aňrybaş amatly hyzmatlary we maksatnamalary üpjün
etmegi maksat tutunan döwletler şeýle adamlar baradaky maglumatlary yzygiderli
ýygnamalydyrlar we şol maglumatlaryň esasynda degişli hasabaty
ýöretmelidirler.Maýyplyk baradaky habarlary we maglumatlary ýygnamaga we olary
gaýtadan işlemäge gatnaşýan maýyplygy bolan adamlar özlerine sylag-hormatyň
goýulmagyna we adamkärçilikli garalmagyna doly haklydyrlar. Bu adamlar özüniň
durmuşy bien bagly haýsydyr bir maglumaty ýa-da habary aýdan bolsalar, şol habar
gizlinlikde saklanmalydyr. Ýygnanan maglumatlar we hasabatlar hemmeler, şol sanda
maýyplygy bolan we beýleki adamlar üçin elýeterli edilmelidir.
32-nji madda: Halkara hyzmatdaşlygy
Dünýa döwletleri şu Konwensiýanyň düzgünlerini doly berjaý etmekde öz tagallalaryny
birleşdirmelidirler. Bu, aýratyn hem, özünde bar bolan mümkinçilikleri uly (meselem, ylmy
taýdan ösen, öňdebaryjy tehnologiýalara eýe bolan) bolan döwletlere degişlidir. Olar
beýleki ýurtlar bilen özünde bar bolan peýdaly gorlary paýlaşmak arkaly, şu
Konwensiýada göz öňünde tutulan hukuklardan dünýäde mümkin boldugyça köp
adamlaryň peýdalanmagyna ýardam bermelidirler.
33-njiden 50-njä çenli maddalar: Hyzmatdaşlygy saklamagyň, barlaglary geçirmegiň we
Konwensiýany berjaý etmegiň kadalary.
Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklary hakyndaky Konwensiýa jemi 50 maddadan
ybaratdyr. Onuň 33- njiden 50-njä çenli maddalary durmuşda tapawutly hajatlary bolan
adamlara olarda bar bolan hukuklary doly kepil geçmek üçin uly ýaşly, aýratyn hem,
maýyplygy bolan adamlaryň we olaryň döreden guramalarynyň,şeýle-de hökümetleriň
öz aralarynda hyzmatdaşlygy guramagynyň ýollaryna, usullaryna, mümkinçiliklerine
bagyşlanýar. Bu maddalar bilen siz internetiň <www.un.org/disabilities> saýtynda doly
tanşyp bilersiňiz.
Paýlanylyp berilýän maglumatlar. 2-nji bölüm:
Ukyp-başarnyklaryň dürli görnüşleri
Çeşmesi: “Iş başarjaň topar”; bu barada has giňişleýin internetiň
www.theablecrew.org.interactive/blur.html saýtynda maglumat alyp bilersiňiz.
.. . .. ... . . . . .. . .
. . .. . . .. .. . . .
. .. . .. .
. ..
. . . . . . . . . . . . . .
.. .. . . . . . .. . . . .
.
.
.
.
. .
Siz şu haty okap bilýärsiňizmi?
94
Muňa Braýlyň elipbiýi diýýärler. Dogabitdi batyl we görüşi pes adamlar haty şu usulda
okaýarlar. Elipbiýi ilkinji gezek görýän adam muny nokatlaryň düşnüksiz bir tertibi
hökmünde kabul edýär. Hakykatda bolsa, Braýlyň (1-6 güberçekli nokatlardan ybarat
bolan) simwollary elipbiýiň aýry-aýry harplaryny, dyngy belgilerini, sanlary we beýleki
nyşanlary we belgileri aňlatmak bilen, ýörite usulda hat ýazmaga we okamaga
mümkinçilik berýär.
Gözi sagdyn, görüşi oňat adama bu jümle şeýle halda görünýär:
Görşüňiz pes bolsa, bu jümle Size şeýle görner.
Görşüňiz pes bolsa, bu jümle Size şeýle görner.
Görşüňiz pes bolsa, bu jümle Size şeýle görner.
Muňa hereketler/ümlemeler dili diýerler.
1-nji Goşmaça:
Goşulyşmak üçin käbir maslahatlar
Ösüşinde käbir kemçilikler/kognitiw bozulmalar/sapaklary özleşdirmekdäki kynçylyklar
bilen bagly maýplyk.
Maýyplygyň bu toparynyň görnüşleri gaty köpdür we köphalatda olary ýüze çykarmak
we tapawutlandyrmak kyn bolýar. Okadylýan sapaklary özleşdirmekde kynçylyk çekýän
adamyň aň derejesi, adaty ýagdaýda, orta tapda ýa-da ondan hem ýokary bolup bilýär,
emma ol täze sapaklary öwrenmekde, ýatda saklamakda we beýan etmekde düýpli
kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Maýyplygyň bu görnüşi dürli alamatlar arkaly ýüze
çykyp bilýär we çaganyň sapaklara ýetişmegine ýiti täsir edýär.
Kogntiw bozulmalaryň käbir görnüşleri has agyr halda ýüze çykyp, çaganyň aňyna
zeper ýetirýär. Bu näsazlyklar adamyň ruhy ýagdaýyna-da zelel ýetirip, onuň
duýgularynyň garyşyp-gatyşmagyna ýa-da düýbünden bozulmagyna, şol sanda
autizme getirip bilýär.
Köpçülige goşulyşmak üçin käbir maslahatlar:
џ
Diliňiz sada, jümleleriňiz gysga, anyk hem aýdyň bolsun. Şol bir maglumaty
umumylaşdyryp, dürli usulda aýtmagy başaryň.
џ
Abstrakt pikirleri anyk mysallarda hem şekillerde beýan etmegi başaryň.
џ
Sapaga gatnaşýan adamyň özüne berlen ýumuşa doly düşünýändigine göz
ýetirýändigini we düşünýändigini barlap görüň.
џ
Okuw maksatnamasyna durmuş, tejribeçilik bilen bagly sapaklary köpräk giriziň.
Görüşiň we eşidişiň pese düşmegi
Maýyplygyň ýene-de bir topary käbir adamda ýüze çykýan görüş we eşidiş kada
bozulmalary bilen bagly bolýar. Adam görmekden we eşitmekden dolulygyna ýa-da
bölekleýin galyp bilýär. Käbir adamlarda şeýle şikesler dogabitdi bolar, beýlekiler bu
şikeslere ömrüniň dowamynda dürli sebäp bilen duçar bolýarlar. Görmekden galmaga
başgaça batyllyk, eşitmekden galmaga – kerlik diýilýär.
Köpçülige goşulyşmak üçin käbir maslahatlar:
џ
Aýtjak bolýan maglumatlaryňyzy dürli görnüşde beýan etmegi başaryň. Mysal
üçin, käbir adamlar hereket arkaly gürleşip bilýärler, beýlekiler adamyň dodagynyň
hereketinden okaýarlar ýa-da aýtjak zadyny ýazyp düşündirýärler.
џ
Eşidişi pes bolan adamlara bir zat aýtmazdan ozal, olaryň özüňizi üns berip
diňleýändigine göz ýetiriň we aýdýan sözleriňizi hereketler bilen berkidiň.
џ
Görüşi pes adamlar bilen gürleşeniňizde, her bir pikiriňizi giňişleýin teswirläň.
Surat görkezýän bolsaňyz, ondaky şekilleri sada dilde gürrüň beriň. Eger okuwçylara
dürli mowzuklar boýunça tekstleri paýlaýan bolsaňyz, olaryň Braýlyň elipbiýinde
ýazylan görnüşlerini taýýarlamak barada aladalanyň. Muňa ýagdaý bolmasa, şol
tekstleri daşyňyzdan labyzly okaň.
95
Daýanç-hereketlendiriş ulgamynyň düýpli bozulmalary
Daýanç-hereketlendiriş ulgamynyň düýpli bozulmalary ýa-da ten şikesleri maýyplygyň
agyr görnüşi bolup ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýa düşen adam ýörite serişdeleri we
enjamlary: maýyplyk arabajygyny, pişegi, el we aýak protezlerini peýdalanmaly
bolýarlar. Synasynda agyr şikesler bolan adamlar hereket etmekde we öz başyny
çaramakda düýpli kynçylyklara duçar bolýarlar.
Goşulyşmak üçin maslahatlar:
Barjak jaýyňyzyň, girjek binaňyzyň özüňize elýeterlidigine göz ýetiriň.
Basgançaklara münmekden saklanyň, gapylaryň maýyplyk arabajygy geçer ýaly
derejede giňdigini barlap görüň.
џ
Tejribeçilik sapaklary geçirilende, maýyplygyň bu görnüşi bolan adamlaryň düýpli
kynçylyklary çekmeýändigine göz ýetiriň. Eger-de olara goşmaça kömek gerek diýip
hasaplasaňyz, şeýle çagalara bir kömekçini berkidiň.
џ
Maýyplygy bolan adamdan özüne näme kömegiň gerekdigini soramakdan
çekinmäň. Muny usullylyk bilen, adamkärçilikli soraň. Sapaklary çeýelik, düşünjelilik
bilen guraň, oňa gatnaşýan dürli ukyply çagalar kemsinmesinler.
џ
Ruhy-aň we durmuş bilen bagly saglyk näsazlyklary
Maýyplygyň birbada göze ilmeýän görnüşleri hem bardyr. Olary ruhy-aň we durmuş
bozulmalar toparyna degişli edýärler. Şeýle bozulmalara bipolýar, psihoz, sussypeslik,
was-waslyk we beýlekiler degişlidir.
Goşulyşmak üçin maslahatlar:
Şeýle adamlar bilen ýumry-ýumşak gürleşiň, olara sylag-hormat ediň, aýdan
pikirlerini alga alýandygyňyzy duýduryň we wagtly-wagtynda habar gatyň.
џ
Syna bozulmalarynyň bu görnüşi bolan adamlara okuw maksatnamasyna
goşulyşmakda özbaşdaklygy (garaşsyzlygy) üpjün ediň, sapaga çeýelik we çydamlylyk
bilen çemeleşiň we özlerine zerur hasaplaýan hajatlary barada öňünden pikir alyşyň.
џ
96

Benzer belgeler