BAP 9 - Saglyk

Transkript

BAP 9 - Saglyk
ÝÜREK-DAMAR KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK
Ýazan: Lukman
Çarşenbe, 03 Noýabr 2010 15:19
Ateroskleroz (ýürek-damar ulgamynyň keseli) we damarlar ulgamy.
Ýürek-damar ulgamynyň keselleri birdenkä ýüze çykmaýar. Olar biziň bedenimizde uzak
wagtlap dowam eden ýagdaýlaryň netijesidir. Ýaglaryň, aýratyn-da holesterin bilen trigliseridiň
ýygnanmagy arteriýa damarlarynyň diwarlaryny galňadyp, artesklerozyň ýüze çykmagyna
sebäp bolýar. Stenokardiýa, kardiuoskleroz, miokarditler, miokardioskleroz, ýürek demgysmasy
we beýleki ýürek-damar keselleri hem şol sebäpli ýüze çykyp bilýär.
Ýürek-damar keselleri birnäçe ýyllaryň dowamynda emele gelip, atesklerozyň damar
ulgamyna zyýan ýetirip, ýüregiň gan bilen üpjün edilişini haýalladýar, ony ýokumly
iýmitlenmeden we kisloroddan mahrum edýär. Adamyň ýüregi agyryp başlanda, bu eýýäm
düýpli ýürek keseliniň bardygynyň alamatydyr. Şonuň üçin-de, adam «ýürek tutgaýynyň»
tutaryna garaşman, wagtynda ýüreginiň aladasyny edip başlamalydyr.
Maddalaryň çalyşmasynyň bozulmalary, aýratyn-da holesteriniň derejesiniň sagdyn
deňagramlylygyň ýitirilmegi — ýüregiň we damarlaryň kesellemeginiň esasy sebäbi. Holesterin
maddasy ýagly zatlaryň bagyr tarapyndan gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde emeler gelýär.
Elbetde, organizmiň sazlaşykly işlemegi üçin ýaglaryň-da, holesteriniň-de belli bir mukdarynyň
ganda bolmagy hökmandyr. Emma olaryň mukdary gerekli çäkden geçse, olar adamyň
saglygyna howp salyp başlaýar. Sebäbi holesteriniň mukdary kada laýyk bolmasa, ol mum
maddasy ýaly, gan geçirýän damarlaryň diwarjyklaryna ýelmeşip başlaýar. Soňabaka bu
ýelmeşip, çöküp galan maddalar damar diwarjyklarynyň üýtgedip, galňamalary emele getirýär.
Olar bolsa öz gezeginde holesteriniň we mineral maddalaryň has köp mukdarynyň ýelmeşip,
çöküp galmagyna sebäp bolýar. Bu ýagdaý atereskleroz diýip atlandyrylýar. Bu keselde
damarlaryň diwarjyklary gatap, çeýeligini ýitirýär, olar daralyp, gan akymlarynyň peselmegine
eltýär. Eger bu maddalaryň çökündileri tromblary döretse, onda bu damarlardan gan aýlanyşygy
kesilýär. Tromblar damarlardaky gan akyma böwet bolup, insulta we infarkta eltýär.
Şular ýaly ýagdaýlaryň öňüni almak üçin iýmitlenmä aýratyn üns bermelidir. Ýüregiň sagdyn
bolmagy üçin ýagsyz eti we doýgun bolmadyk ýaglary iýmelidir. Olarda holesterin az bolýar.
Ýygy-ýygydan etiň deregine balyk iýiň. Towuk etinde hem holesterin azdyr. Köp iýmejek
1/3
ÝÜREK-DAMAR KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK
Ýazan: Lukman
Çarşenbe, 03 Noýabr 2010 15:19
bolmaly. Azyk rasionynyň köp bölegini gök önümler, ir-iýmişler tutmalydyr. Mümkin bolan
ýagdaýynda, olary çigligine iýmäge çalşyň.
Pyrtykal, greýpfrut, limon, noýba, mekgejöwen, oblepiha, garaly, sogan, sarymsak, gül kelem,
pomidor, ukrop, deňiz kelemi, kädi, hoz, gawun, greçka, böwürslen, süle, petruşka, zirk, narpyz
dagylar damarlary arassalap, atesklerozyň öňüni alýar. Ýürek bozulmalarynyň islendik
görnüşlerinde nitrogliserin içmäň-de, derman otlaryndan peýdalanjak boluň. Sebäbi nitrogliserin
agyryny köşeşdirýär, derman otlary bolsa bejerýändir. Nitrogliserini kabul edilende köp hereket
etmek gadagan edilýär. Derman otlaryny kabul edilende bolsa, tersine, hereketleri artdyrmaly
bolýar. Agyrýan ýürek üçin tut miweleri, alyçynyň miweleri we walerýana dagylar iň oňat
serişdedir.
Ýürek üçin düzüminde magniý we kaliý bolan azyklar we ösümlik otlary hem örän wajypdyr.
Magniý pomidorlaryň, seldereýiň, hozuň, süläniň, erigiň, üzümiň, şugundyryň, badamjanyň
düzüminde bardyr. Kaliý erik kişdesiniň, kişmişiň, guradylan garalynyň, hurmanyň, injiriň,
petruşkanyň, kelemiň, gara smorodinanyň, ananasyň, bananlaryň we şetdalynyň düzüminde
bardyr.
Galyberse-de, sagdyn iýmit bedeniň hemme ulgamlarynyň, şol sanda ýürek-damar
ulgamynyň hem gerekli witaminleri kabul etmegine ýardam berýär.
Sagdyn durmuş üçin nerw işjeňligini hem kadalaşdyrmalydyr. Häzirki wagtda adamlar köplenç
iş sebäpli ukusyny kemýärler. Emma sagdyn bolmak üçin adam gije-gündiziň dowamynda sekiz
sagatdan az ýatmaly däldir. Adam mümkin boldugyndan dawa-jenjellerden, duýgy
çekeleşiklerden gaça durmaly.
Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin
zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär.
Köp pyýada ýöremäge çalyşmaly. Günüň dowamynda bäş kilometre golaý aralyk pyýada
geçilse, dem alyş ulgamy we ýürek üçin örän peýdalydyr.
Gan aýlanyş ulgamynyň keselleriniň köp görnüşleri bar. Bu keseller öz gezeginde başga
keselleriň netijesinde ýüze çykýar. Mysal üçin, perikardit (ýürek haltajygynyň sowuklamasy)
inçekesel ýokanç keseliniň netijesinde ýüze çykýar. Inçekesel bilen kesellän adam bu keseliň
2/3
ÝÜREK-DAMAR KESELLERINIŇ ÖŇÜNI ALMAK
Ýazan: Lukman
Çarşenbe, 03 Noýabr 2010 15:19
ýüregine ýetirjek zeperini bilip, degişli lukmanlara ýüz tutmalydyr. Şeýle eden ýagdaýynda ol
ýürek keselleriniň öňüni alyp bilerdi.
3/3

Benzer belgeler

öpüşmegıň peidasy we zyiany

öpüşmegıň peidasy we zyiany Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär. Köp pyýada ýöremäge...

Detaylı

ganazlylyk - Saglyk.info

ganazlylyk - Saglyk.info Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär. Köp pyýada ýöremäge...

Detaylı

howplumy ia-da howpsuz?

howplumy ia-da howpsuz? bir garyndynyň mazaly barlaglardan geçirilýändigine garamazdan, bu maddalaryň adam bedenine ýetirýän täsirleriniň ählisini göz öňünde tutmak mümkin däl. Täze maglumatlar bolsa biziň ol ýa-da beýlek...

Detaylı

REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW)

REŇKLI DEMREW (KEPEK GÖRNÜŞLI DEMREW) Uzak wagtyň dowamynda şol bir halda oturmak hem ýürek, damarlar we tutuş organizm üçin zyýanlydyr. Oturymly işlerde her sagatdan turup, birnäçe maşklary etmek maslahat berilýär. Köp pyýada ýöremäge...

Detaylı

demır ietmezçılıklı ganazlylyk

demır ietmezçılıklı ganazlylyk gan akmasy, öýken, böwrek gan akmalary) netijesinde ýüze çykýar. Donorlarda (gan tabşyrýan  adamlar) ýygy-ýygydan gan tabşyranlarynda, aýallarda aýbaşy döwründe köp gan giden ýagdaýynda, dürli oper...

Detaylı